Joş Mak-Dauell ŞAÝAT — I — 1 Gyzy diri däldi. Aýaly ýitipdi. Rafik Remzi özüniň hususy durmuşy üçin hem gorkýardy. — Diňe iki gün galdy — diýip, bu ýaş bolmadyk adam özüniň Monte-Karlodaky kaşaň jaýynyň owadan myhmanhana otagyny ädimleri bilen ölçeýärdi we öýkeniniň rak keselini bombadan ýa-da hakyna tutulan adam öldürijiniň okundan öleninden gowy görýändigini beýan edip, bir çilimiň yzyndan beýlekisini tütedýärdi. — Siziň gelmeziňizden ozal men ýene bir hat aldym. Eger men anna gününe çenli ýene-de pul ibermesem, Klodetti öldürip, onsoň özümi öldürmeklik bilen meşgullanjakdyklaryny aýdýarlar. Şonuň üçinem sizden haýyş edýärin, jenap Akkad, özüňiziň oňat habarlar getirendigiňizi aýdyň, bolmasa men muňa çydap bilmerin. — Olar bu gezek näçe isleýärler? — Ýigrimi bäş million — diýip, Remzi jogap berdi. Özümiň bireýýäm tölän on bir million ýewromyň üstesine. Adaty adam üçin bu gaty uly baha bolardy. Emma ýetmiş dokuz ýaşly Remzi adaty adam däldi. Ýarym ýyl mundan ozal ol özüniň aradan çykan dogany bilen 1963-nji ýylda döreden «Blýu Naýl Holdingz» kompaniýasyny fransuz konglomeratyna 563 million ýewro baha satypdy. Indi ol Müsürdäki gaty baý adamlaryň biri, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň işewür adamlarynyň diri rowaýatydy. Marwan Akkad italýan derisinden edilen uzyn diwanda oturyp, ýagdaý hakynda oýlanmaga durdy. Käbir manyda Remzi — örän oňat müşderi: ol garry, baý we gorkuzylan. Akkadyň biznesi hut şeýle adamlara niýetlenendi. Emma bu iş bilen meşgullanyp, ol hemme ýerde adamzat ahlaksyzlygy bilen — açgözlük, parahorluk, ýalan haýbat, adam öldürme bilan çaknyşýardy. Özünden has ýakyn adamlarynyň alnan bu betbagt garra ol hiç bir teselli beriji zat diýip bilmeýärdi. Ol sekýuritiden hemişelik gitmegin wagty dälmikä diýip oýlanýardy. Akkad espressony içip bolup, Ortaýer deňziniň ýalpyldaýan suw tekizligine seretdi. Gün ýaşyp barýardy we şapak kenarýaka kaşaň jaýlaryň aýnalarynda serpikýärdi. Ol ata-enesiniň özüniň şu wagtky durmuşy — dikuçarlar, kaşaň maşynlar, Armaniden geýimler we kewlardan jiletler hakynda näme diýjekdikleri hakynda oýlandy. Töwekgellik näçe uly boldugyça, pul hem şonça-da kändi. Eýsem, üstünlikli biznesiň köki şunda dälmi? Ol ejesiniň näme diýjekdigini bilýärdi. Ejesi bir wagtlar onuň goşun gullugyndan soň Beýrutdan gidip, lukman ýa-da inžener bolmagyny, Raniýany tapyp, Parižde ýerleşmegi hakynda ýalbarypdy. Ejesi oglunyň durmuşynyň howpsuz we arkaýyn bolmagyny, onuň ogullarynyň bolup, olaryň ulalyp, nähilidir bir parahat we üstünlikli iş bilen meşgullanmaklaryny isläpdi. Emma Akkad samsyk bolup, ejesine gulak asmandy. Ejesi oglunyň adam ogurlaýanlaryň we narkomagnatlaryň ele alan baýlaryň aýallaryny yzyna getirmäge kömekleşjekdigini göz öňüne getirip bilipmidi? Öz müşderilerini Bagdaddan, Mosuldan we Fallujiden çykarjakdygy hakynda ejesi pikir hem edip bilipmidi? — Täzelikler bar — diýip, ahyrsoňy Marwan Akkad aýtdy. — Emma olar oňat däl diýip gorkaýaryn. — Klodett hakyndamy? — diýip, Remzi jogap talap etdi. Bu haýwanlar onuň bilen bir zatlar etdilermi? Men olary öldürerin! Ant içýärin, jenap Akkad, tä olary tapyp, görgi görmeklerine mejbur edýänçäm, men köşeşmerin. Akkad ýok diýen ýaly edip kellesini çaýkady. — Gürrüň Klodett hakynda, emma bu siziň pikir edeniňiz däl. Haýyş edýärin, oturyň. — Size näme mälimdigini aýdyň. — Men aýdaryn, jenap Remzi. Emma, haýyş edýärin, oturyň we men baryny size gürrüň bererin. Saglygy soňky iki hepdäniň içinde gaty gowşan äpet adam bolan Remzi agyrlyk bilen kürsüde oturdy-da, nobatdaky çilimi tütetdi. Onuň agyryp gyzaran gözlerinde sabyrsyz garaşmaklyk bardy. Ol öňe tarap egildi. — Haýyş edýärin, jenap Akkad, meniň bilen oýun etmäň. Uzaga çekmäň. Akkad başyny atdy. — Jenap Remzi, siz San-Paula hakynda näme bilýärsiňiz? Sorag garryny aladalandyrdy. — Siz Braziliýadaky şäheri göz öňünde tutýarsyňyzmy? — Hawa. — Hiç zat bilmeýärin. — Remzi eginlerini gysdy. — Näme üçin bu hakda soraýarsyňyz? — Dogrudanam hiç zat bilmeýärsiňizmi? — diýip, Akkad öz diýeninde berk durdy. — Men bir zatlar bilmelidimmi? — Ol ýerde «Blýu Naýlyň» wekilhanasy ýa-da zawody barmy? — Ýok. — Siziň başlyklaryňyzyň hiç biri ol ýerden gelmedimi? — Ýok. — Belki-de, şol ýerlerden bolan işgärleriňiziň biri? — Ýokmuka diýip oýlaýaryn. — Siz işiňiz boýunça San-Paulada bolduňyzmy? — Size ýok diýdimä. — Aýalyňyz bilen ol ýerde dynç almadyňyzmy? — Nähili dynç alyş? — diýip, Remzi gaharlandy. — Men gaty işli adamdyryn. — Näme üçindir hanym Remzi San-Paula gidip gelmedimi? — Elbetde, ýok. — Siz muňa bütinleý ynamlymy? — Men düşünmeýärin, siz näme… — Siz imanlymy, jenap Remzi? — diýip, Akkad öz diýeninde berk durdy. Oňatja pikirleniň. Rafik Remzi ýerinden turup, ýene-de agzyndaky çilim bilen otagda ädimlemäge başlady. — Ýogsam-da, aýalym ol ýerde bolan bolmagy mümkin — diýip, kän arakesmeden soň ol aýtdy. — Maňa bu hakda gürrüň beriň. — Gürrüň berere zat ýok diýen ýaly — diýip, Remzi jogap berdi. — Klodettiň doganoglany bir gezek brazilli birine äre barypdy. Bu takmynan ýarym ýyl dowam etdi we olar aýrylyşdylar. — Siz olaryň toýuna bardyňyzmy? — diýip, Akkad sorady. — Men, ýok, emma Klodett baryp geldi. Oňa hem ýaramandyr. Men San-Paulany göz öňümde tutýaryn. Gaty adam kän we gaty ala-gohly. Edil Nýu-Ýork ýaly, emma Klodettiň aýdyşy ýaly, onuň jana ýaramlylygy ýok. — Toý haçan bolupdy? — Bilmeýärin, belki 3-4 ýyl mundan ozaldyr — diýip, Remzi özüne bir käse şerap guýup aýtdy. Näme? Bu soraglaryň bary näme üçin? Akkad egildi, portfelini açdy, ondan ullakan kagyz bukjany çykaryp, Remzä uzatdy. — Bu näme? — diýip, garry şerapdan bir owurt içip sorady. — Açyň — diýip, Akkad jogap berdi. Görersiňiz. Remzi biraz wagtlap Akkada seredip durdy, onsoň käsäsini goýup, oňa ýakynlaşdy-da, bukjany alyp, haýallyk bilen ony açdy. Onuň içinden 20x25 ölçegli gara-ak reňkli suraty çykardy, ol agardy we ýüzünde doly geň galma peýda boldy. Onuň elinde senesine laýyklykda, aýalynyň mundan iki gün öň çap edilen suraty bardy. Pul talaby bilen iberilen öňki suratlardan tapawutlylykda, munda aýaly bagly däldi. Agzynda hem dyky ýokdy. Ol nähilidir bir gurama jaýynda stoluň başynda oturyp, klerk ýa-da iş dolandygyjy bilen gürleşip durdy. — Men… düşünmeýärin — diýip, ahyrsoňy Remzi gowşak sesi bilen aýdyp bildi we elleri titreýärdi. Bu näme? Bu suraty nirede edipdirler? — Bu surat San-Paulada gizlin kamera arkaly düşürilen — diýip, Akkad düşündirdi. Siziň aýalyňyz töleg hökmünde siziň iberen pullaryňyzy alýar. Remzä bu maglumaty özleşdirmek gaty kyndy. — Siz näme diýýärsiňiz, jenap Akkad? — diýip, ahyrsoňy garry aýtdy. Näme, meniň aýalym… siziň pikiriňizçe, bularyň baryny öňünden planlaşdyrypdyrmy? Ol maňa dönüklik etdimi? Akkad hiç zat jogap bermedi. Hereket etmegiň planyny teklip etmezinden ozal, ajy hakykatyň müşderiniň aňyna ýeteri ýaly, ol biraz garaşyp durdy. Emma ol muny edip ýetişmedi. Iki ok sesi eşidildi, aýna çym-pytrak bolup gitdi. Garry ýykyldy we onuň agzyndan gan akyp gitdi. Rafik Remzi ölüdi we Marwan Akkad nobatdakynyň indi özi boljagyndan gorkdy. 2 Marwan ullakan dub stolunyň arkasynda gizlendi. Täze atylan ok sesleri eşidildi, gap-çanaklar we suratlaryň çarçuwalary çym-pytrak bolup gidýärdi. Oklaryň ownuk bölejikleri dürli tarapa pytraýardy. Otaga Remziniň iki sany ýaragly goragçylary kürsäp girdiler, emma mergeniň duran ýerini kesgitläp ýetişmänkä, öldürildiler, ot açmak hakda bolsa gürrüň hem edip bolmaýardy. Marwan telefony eline aldy, emma onuň simi kesilendi. Sapançasyny eli bilen sermeläp, girjek wagtynda ony goragçylaryň alandyklaryny ýadyna saldy. Kellesiniň üstünde gadymy küýzeleriň ýygyndysy çym-pytrak bolýardy. Oklar daş-töwerekdäki mebeli oýýardy. Bu ýerde galyp bolmaýardy. Remzini öldürijileriň optiki garawuldan peýdalanandyklary aýdyňdy. Olar otagda näme bardygyny we hut nirededigini bilýärdiler. Marwan çepe süýşdi-de, öldürilen goragçylara ýakynlaşdy. Ok atyşlyk güýçlenýärdi. Ol olaryň ýaraglaryny we Remziniň aýalynyň suratyny elinde berk gysyp, açyk duran gapy arkaly daşky jaýa tarap okduryldy. Galdyrgyçdan ýene iki goragçy çykdylar. — Ýat! Ýat! — diýip, Marwan olara gygyrdy. Täze ok sesleri eşidildi. Birinji goragçy aşak egildi. Ikinji bolsa bagtygara boldy. Oňa iki ok degdi we ol agyrydan iňredi. — Çalt, jenap Akkad, merdiwana! — diýip, birinji goragçy öz ýoldaşyna kömek etmäge synanyşyp aýtdy, emma oňa bireýýäm kömek gerek däl ýalydy. Marwan maslahata gulak asyp, elindäki taýyn sapançasy bilen merdiwana tarap ylgady: oňa bu ýerde garaşyp bilýärdiler. Bary arassady. Ol on basgançak aşak düşdi, pikirleri gaty bitertipdi. Ol holla kürsäp girdi — birden onuň sürüjisi entegem şu ýerdedir. Ol märekäniň içinden tanyş ýüzi gözledi, emma tapyp bilmedi. Polisiýa maşynynyň sesleri we ýangyn trewogasy eşidildi. Adamlar gygyryşdylar. Hakyky dyknyşyk boldy. Emma ok atyşlyk gutardy — hiç bolmanda, şu wagt. — Jenap Akkad! — diýip, kimdir biri ony märekäniň içinden çagyrdy. Jaýyň içine goragçylar we graždan geýimindäki agentler kürsäp girdiler. Galdyrgyçlardan kän adamlar ylgap çykdylar, olaryň ýüzlerinde howsala bardy. Tanyş hiç kim ýokdy, emma ol ýene-de şol sesi eşitdi. — Jenap Akkad, men bärde! Yzyna öwrülip, ol özüniň sürüjisiniň ylgap gelýändigini gördi — kiçijik, mähirli adam. — Jenap Akkad — diýip, ol demini dürsäp bilmän aýtdy, siz bu ýerden gitmelisiňiz. Şu ýerde garaşyň, men maşyny getireýin. — Men siziň bilen giderin — diýip, Marwan aýtdy. — Ýok, ýok, jenap — diýip, sürüji öz diýeninde berk durdy. Men dessine dolanyp gelerin. Ol Monakodaky iň owadan we abraýly binany taşlap gitmäge ymtylýan märekäniň arasyndan aýlanyp geçip, bireýýäm çykalga ýetipdi. Marwan jedelleşmek islemeýärdi. Onuň pikirini edere zady bardy. Özüniň pul geçirimlerine syn edýändigi hakynda Klodett Remzi bilen onuň ýaranlary bilýärdilermi? Özüniň San-Paula çykandygyny bilýärmikäler? Özüniň hem bu ýoldan gitmezligine ýol bermejek bolup, olar Rafik Remzini öldürdilermikä? Emma bu nädip beýle bolup biler? Çünki ol bu hakda Remzä hut onuň ölmezinden birje minut öň aýdypdy ahyryn? Remzi on gün mundan ozal «Akkad we hyzmatdaşlar» gullugyny hakyna tutupdy. Şu wagta çenli onuň howpsuzlygy bilen parižli firma meşgullanypdy. Ol gyzynyň ölüminden we aýalynyň ýitirim bolanyndan soň Akkadyň kompaniýasyna ýüz tutup, bu jenaýatlary diňe barlamaklygy sorapdy. Marwan ýene-de birnäçe adam berip, fransuz goragçylaryny öz adamlary bilen doly çalyşmaklygy teklip edipdi, emma Remzi muny kabul etmändi. Ol gorkuzyp alyjylary howsalandyryp bilýän we özüniň söýgüli aýaly babatda olaryň gatnaşyklaryna täsir edip bilýän kän uly üýtgeşikleri Remzi girizmek islemeýärdi. Bu hem aýgytly ýalňyşlyk boldy. Marwan çar tarapdan polisiýa we beýleki gulluk maşynlarynyň gelip başlandygyny gördi we habar beriş serişdeleriniň hem gijä galmajakdygyna düşünýärdi. Onuň üçin bolsa öz keşbiniň ýewropa we ýakyngündogar gazetleriniň sahypalarynda peýda bolmagy asla gerek däldi. Bu üstünlikli gorag gullugynyň baş ýolbaşçysynyň arzuw edýän reklamasy däldi. Ol sagadyna seretdi we meýdandaky märekä gözlerini aýlady. Ahyrsoňy ol sürüjiniň täzeje, ýalpyldap duran «Renj Rowere» münüp, ony otlaýandygyny gördi. Marwan binadan çykdy. Ol bu ýerden mümkin boldugyndan çaltrak aýak çekmekçidi. Emma haçanda ol meýdandan geçip barýarka, elhenç partlama jipi ýardy we urgy tolkuny Marwany köpriniň üstüne oklap goýberdi. Asmana oduň ýalynlary we tüsse galyp gitdi. Şu elhenç pursatda Marwan özüniň hem yzyna düşendiklerine düşündi. 3 Daş-töwerekde jesetler ýatyrdy. Ýaralananlar gygyryp, kömek soraýardylar. Beýlekiler bolsa näme bolandygyna we näme üçindigine düşünmän, büdreşip, dostlaryny we garyndaşlaryny agtaryp, şok ýagdaýynda seslerini çykarman ýördüler. Marwan ýerinden turup, üstlerini kakyşdyrdy we ýüzüniň ganyny süpürdi. Ol goragçylardan alan sapançalarynyň biriniň daragyny aýryp, sapançadan barmaklarynyň yzlaryny süpürdi-de, hapa sebedine taşlady. Beýleki sapançany bolsa guşagyna ildirip, bary-ýogy birnäçe çatryk aralygyndaky şäher merkezine tarap ylgady. Ol myhmanhana dolanyp gelip, goşlaryny ýygnap, ol ýerden gitmelidi. Hiç kim hem ony saklamaga synanyşmady. Onuň kimdigi we näme üçin beýle howlugýandygy bilen gyzyklanarlary ýaly, hemmeler gaty aňk-taňk bolan ýalydylar. Marwan geçip barýan taksini saklady. — «Le Meridýen» — diýip, ol sürüjä aýtdy we maşyn ýerinden butnady. Gün haýallyk bilen dagyň arkasynda batyp barýardy. Şäheriň çyralary ýanýardy. Kafe we kazinolar açylýardy. Bolup geçen waka hakyndaky täzelikleriň gaty çalt ýaýrandygyna seretmezden, baý we tanymal adamlaryň gyzyklanmalaryny geçirýän ýeri bolan Monte-Karlo ukudan oýanyp barýardy. Marwan gämi duralgasyndaky ýeňil gämileriň suduryny görýärdi. Ol doganyna jaň etmeli, pul gerek, uçar üçin bilet gerek diýip oýlandy. Emma nirä? Italiýamy? Ýa-da Fransiýa? Ol özüniň gaçyp gitmegi bilen, öz günäsini boýun alýan ýaly bolýandygyna düşünýärdi. Emma bolup geçenleri hasaba alyp, onuň saýlawy ýok. Galmaklyk öz-özüne ölüm hökümini çykarmaklyk bolýardy. Elbetde, ony polisiýada jikme-jik sorag-ideg ederler. Kim ony Rafik Remzi bilen tanyşdyrdy? Eger fransuz firmasynyň bireýýäm onuň üçin işleýändigini bilýän bolsa, onda ol näme üçin Monte-Karlo geldi? Özüniň duşuşygynyň Remziniň ölümi bilen gutarandygyny ol nädip düşündirip bilýär? Näme üçin ol goragçylaryň ýaragyny aldy? Näme üçin ol özüniň hususy sapançasyny almady? Olar beýleki soraglary hem bererler. Ol özleriniň birinji duşuşyklary döwründe Remziniň aýdanlary hakynda oýlanmagyny dowam etdirdi. Taksi myhmanhananyň alnynda saklandy. Marwan sürüji bilen hasaplaşyp, onuň garaşmagyny haýyş etdi: ol kän eglenmek islemeýärdi. Ol bina girip, galdyrgyç bilen bäşinji gata galdy. Galdyrgyçda oňa Raniýany ýatladýan ýigrimi ýaş töweregindäki bir owadanja aýal bardy. Uzyn gara saçlary. Çuň gara gözleri. Ak ýüpek bluzka. Gara ýubka. Gara joraplar. Dürden edilen monjuklar. Açyk gyzyl reňkli dyrnaklar. Gyzyl pomada. Belki-de, gözüniň gaty goýy reňki. Ol çekinip ýylgyrýardy. Adaty ýagdaýda Marwan jogap edip ýylgyryp, onuň bilen gürleşerdi. Emma bu gün däl. Ol özüni mejbur edip, ünsüni jemlemäge synanyşdy we Remzi bilen özüniň bir ýarym aý mundan ozalky bolan telefon gürrüňini ýadyna salyp başlady. Remzi aýalynyň gözellik salonyndan ogurlanyşynyň we gyzynyň mekdepden öýe bolan ýolda ýitirim bolşunyň öň ýanyndaky wakalar hakda gürrüň beripdi. Aýalynyň ogurlanmagynyň yzysüre töleg tölemeklik talaby geldi, gyzynyň ogurlanmagy bolsa öldürilmeklik bilen gutarypdy. Marwan kellesinde güman edilýänleri aýlap başlady. Remzi öz pikiri boýunça, öz maşgalasyna hüjüm etmek üçin meýillere, serişdelere we mümkinçiliklere eýe bolan bir wagtky işdeşleriniň we bäsdeşleriniň onlarçasynyň atlaryny tutupdy. Emma Marwany ýene bir zat alada goýýardy. Jaň sesi geldi we galdyrgyç üçünji gatda saklandy. Galdyrgyçdan çykyp, aýal el telefonyny çykaryp, jaň etmäge durdy. Göni we ynamly ýörişleri bilen hiç bir gürrüňdeşlige yşarat etmän, ol ýene-de Marwana Raniýany ýatlatdy. Galdyrgyjyň gapysy ýapyldy. Marwan pikirinde Remzi bilen bolan gürrüňine dolandy. Garry özünden 250 müň ýewro talap eden iki sany fransuz razwedkasynyň işgäriniň haýýarlyk etmäge synanyşandygyny aýdypdy. Eger ol şu puly tölemese, onda olaryň salgyt gullugyndan bolan dostlary «Blýu Naýl Holdingz» kompaniýasy salgytlary doly tölemekden boýun gaçyryp, pul hasaplaryny bozandygyny barlajakdyklaryny aýdypdylar. Olar Remziniň özüni we onuň kompaniýasyny garalaýan maglumatlary gazete berjekdiklerini aýdan ekenler. Şonda Remzi kompaniýany baş edarasy Parižde ýerleşen köpmilletli korporasiýa satmaga synanyşypdy. Hatda ahyrsoňunda delilnamalaryň esasly däldigini tassyklajak uzak wagtky resmi barlag hem ylalaşyga päsgel berip bilerdi. Remzi talap edilýän bahany edil «maslahatçynyň hyzmaty» hökmünde geçirip töländigini Marwana aýdypdy. Emma haçanda olar ýene-de pul talap edenlerinde — bu gezek million ýewro, Remzi Interpola ýüz tutupdy. Haýýarlyk edijiler tutulypdylar we olara 25 ýyl türme garaşýardy. Emma olar beýleki gatnaşyjylaryň hem atlaryny aýtmaga ylalaşanlaryndan soň, olary türme kamerasynda öli tapdylar. Kimiň beýle edendigini tapyp bilmediler we iş ýapylypdy. Fransuz resmi işgärleri Remziden ötünç soradylar, ýogsa-da, ol olary hiç zatda günäkärlemeýärdi. Olar jenaýatçylaryň hiç hili fransuz gullugyna degişli bolman, öz-özlerinden hereket edendiklerine ynandyrmaga synanyşdylar. Ýöne Remzi barynyň arkasynda hiç bolmanda fransuz razwedkasynyň bir işgäriniň durandygyna ynamlydy. Hut şu işgär hem tutulanlaryň dil açmazlary ýaly, olarň öldürmegi gurnan bolmalydy. Hut şol adam hem Remziden indi pul talap edýärdi. Şonuň üçinem hiç kime ynamy bolman, Remzi Marwan bilen duşuşýar. Eger oňa garşy nähilidir bir fransuz gullugynyň bir derejeli adamy (hatda özbaşdak bolsa-da) hereket edýän bolsa, onda nähilidir bir pariž poliseýiniň işi açyp, jenaýatçyny höküm etdirip biler diýip umyt edip bolarmy? Galdyrgyç bäşinji gatda saklandy. Marwan oýa batyp, galdyrgyçdan çykmady. Belki-de, Remzi mamla bolandyr? Belki-de, onuň aýaly bu nätanyş agent bilen başban bäri işleşendir? Näme üçin? Onuň niýetleri nähilidi? Rafik bilen Klodett Remzi edil bagtly är-aýallar ýalydylar: olar baýdylar, bir-birlerini söýýärdiler we haçanda Remzi işinden gideninden soň özleriniň hezillikleri üçin ýaşamak hakynda plan gurýardylar. Näme bolduka? Galdyrgyjyň gapysy ýapylyp başlady. Marwan hakykata dolanyp geldi. Baryny anyklamak üçin onda entek wagty bolar. Häzir bolsa goşlaryny ýygnap, şäherden gitmeli. Eger polisiýa onuň bilen gürleşmek islese, ony tapyp biler. Emma ol mergeniň okuna ýa-da indiki partlama garaşjak däl. Ol galdyrgyjyň gapysyny saklap, ondan çykdy we däliz boýunça saga döndi, bu ýerde adatdakysyndan garaňkydygyny gördi, edil birnäçe lampalar köyen ýa-da olary aýranlary ýalydy. Birden däliziň ahyrynda bir keşp görnüp gitdi. Marwan özhäsiýetli şarkyldy eşitdi we özüni tapandyklaryna düşündi. 4 Dälizde ok sesleri eşidilende, Marwan özüni çepe oklady. Ok gapdalyndaky diwary deşdi we diwaryň suwagy dökülip gitdi. Remziniň jaýynda goragçylaryň birinden alan sapaçasyny eline alyp, Marwan ot açdy. Şol pursat däliziň ahyrynda gapy açyldy. Marwan yzyna seredip, ala-garaňkylykda ýene bir adamy gördi — bu galdyrgyçdaky aýaldy. Marwan aşak ýatdy we onuň üstündäki diwara ýene iki ok uruldy. Aýaly nyşana alyp durup, ol iki gezek atdy, onsoň yzyna öwrülip, öňde duran adama tarap ýene iki gezek atdy. Oklaryň hiç biri-de nyşana degmedi, emma ol bir-iki sekunt utdy. Birnäçe metr öňde myhmanhana otaglarynyň birine eltýän sag tarap öwrülme bardy. Gizlenme kän bir umytly däl, emma saýlara zat ýokdy. Ol ýene-de atdy — iki gezek iki tarapa — haçanda jogap edilip ok atylanynda, ol burçda gizlendi. Entek hüjüm edýänleriň hiç biri ony oňat nyşana alyp bilmeýärdi. Emma bu beýle uzak wagtlap dowam etmez. Ýene-de ok sesleri eşidildi. Olar has ýakynlaşýarlar. Metr yzyndan metr. Onda birnäçe sekuntdan kän wagty ýok. Marwan iki gezek sagyna we çepine atyp, onsoň ýatan ýerinde aýlanyp, kellesiniň üstündäki «Alada goýmaň» diýlip ýazylan tablisajyga atdy. Onsoň iki aýagy bilen gapyny depip, ony petlesinden döwüp, otagyň içine özüne oklady. Täze atylan ok sesleri geldi. Otagda iýmitli stoljygyň ýanynda ölemen gorkan, bir-birine berk ýapyşan ýaş är-aýallar otyrdylar. — Krowadyň aşagyna! — diýip, Marwan çala sesi bilen buýruk berdi. Çalt! Özüniň ganhor däldigini düşündirip durary ýaly, onuň wagty ýokdy. Ol başardygyndan olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge synanyşýardy. Olar krowadyň aşagyna girdiler we gözlerini aýyrman, onuň sapançadan boş daragy aýryp, onuň deregine täzesini ýerleşdirýändigine seredýärdiler. Onsoň ol aýnaly gapyny açyp, balkona çykdy. Şol pursat ol ok atylandygyny eşitdi we özüniň sag egninden okuň geçendigini duýdy. Urgy zerarly ol aýnadan ýasalan stoluň üstüne ýykyldy we stol onuň aşagynda döwüldi. Özüne erk etmekligi ýitirmän, ol gapdala süýşdi we otaga tarap atdy, beýleki eli bilen bolsa ýüzüni ýapdy. Gapy müňlerçe bölejiklere pytrap gitdi, emma ol nyşana degdi. Dür monjukly aýal kükregine iki ok aldy. Ol gygyryp, aşak ýykyldy. Biri tamam. Ýene biri galýar. Agyra seretmän, Marwan ýerinden turdy we otaga dolanyp geldi, hüjüme garaşýan ýeri bolan gapy tarapa sapançasyny göneldip durdy. Ýaş aýal tiz-tiz demini alýardy. Ýaňy är bolan ony köşeşdirmäge synanyşýardy, emma şowsuzdy. Marwan gazapdan dolup barýardy. Ol saklanyp, dür monjukly aýalyň pulsuny barlap gördi. Ol entek diridi. Puls gaty seýrek we wagtal-wagtal däldi. Onuň sapançasyny gapdala zyňyp goýberip, Marwan ony ýüzin öwürdi we onuň kelte köýneginiň neneň çalt gyzarýandygyny gördi. Ol özi üçin birnäçe sekunt utup, gapy tarapa ok atdy, onsoň sapançany aýalyň boýnuna diredi. — Kim seni iberdi? — diýip, Marwan dişini gyjadyp sorady. Huşuny ýitirip barýan aýal çalaja ýylgyryp, hiç zat diýmedi. Marwan soragyny fransuz dilinde gaýtalady, emma ol hiç jogap bermedi. — Klodett Remzi — ol seni San-Pauladan iberdimi? — diýip, Marwan jogap talap etdi. Aýalyň ýüzünde birden gorky we geň galma peýda boldy. Tutulan adyň onuň üçin tanyşdygy aýdyňdy. Ol San-Paula hakynda hem bilýärdi. Ol sapançany onuň boýnuna berk diredi, emma aýal gürlemekden boýun towlaýardy. Birden onuň gözleri togalanyp, ol ölýär. Marwanyň ýüregi adrenalin bilen ar almak isleginiň garyndysynyň güýçli zarbalaryny sogduryp urýardy. Aýalyň sapançasyny eline alyp we onuň ok gutusyny barlap, iki elleri bilen atyp, dälize çykdy. Ala-garaňkylykda gizlenen ikinji hüjüm edende diri galara hiç hili mümkinçiligi ýokdy. Marwan onuň teniniň üstüne iki boş sapançalary atdy. Onsoň öldürileniň elinden sapançany, jübüsinden bolsa ätiýaç ok gutusyny aldy. Onuň ne gapjygy, ne-de pasporty bardy. Marwan täze är-aýallaryň otagyna dolanyp geldi. Dür monjukly aýalyň hem hiç hili resminamalary ýokdy. Bular göze görünmeýän we atsyz, gurbanlaryny garaňkylykda awlap, duýduryşsyz hüjüm edýän hünärmenlerdiler. Eger Remzi mamla bolsa näme? Eger bu dogrudanam fransuz agentleri bolsa näme? Entek diňe bir zat anyk: olar ýalňyşdylar. Diňe şu wagt Marwan egniniň neneň güýçli agraýandygyny we kän ýaralar sebäpli ýüzünden gan akýandygyny duýdy. Ol sirenalaryň seslerini eşitdi. 5 Ýeriňde galmalymy ýa-da gaçmaly? Haýal etmän çözmelidi. Polisiýa şu wagtyň özünde bu ýerde bolar we bu onuň aladasyny asla peseltmeýärdi. Bu öz-özüňi goramak ýagdaýy bolupdy. Emma munuň näme manysy bar? Ony yzarlaýardylar. Yzarlaýjylara onuň her bir ädimi bellidi. Olar onuň Monako gelendigini bilýärdiler. Başga biriniň ady bilen edendigine seretmezden, özüniň «Meridýe» myhmanhanasynda saklanandygyny bilýärdiler. Olar onuň Remzi bilen duşuşygy, onuň ýerini we wagtyny bilýärdiler. Onuň haýsy maşynda gidip, haýsy galdyrgyçda ýokary galjakdygy olara mälimdi. Bu nädip mümkin bolup bilýär? Olar nireden bilýärler? Elbetde, ony yzarlaýjylaryň ýewropa ýa-da ýerli polisiýa we gizlin gulluklar bilen hiç hili gatnaşyklarynyň bolmazlygy hem bolup biläýjek zat. Emma bu gitdigiçe hem mümkin ýaly bolup barýardy. Başga ýene kim ony yzarlap bilerdi? Onuň ýoly hakynda gaty az adamlara bellidi we ol bary-ýogy iki gün öňünden planlaşdyrylypdy. Marwan özüni myhmanhana getiren taksiçini tapmaly diýen karara gelýär. Eger ol entegem aşakda bolsa, eger bolan waka ony gorkuzan bolmasa, polisiýa ony şol ýerden aýrylmaga mejbur etmedik bolsa we garaşmakdan ýadan bolmasa, onda Marwan özüniň gizlenmegi üçin muny Hudaýdan gelen nyşan hasaplar. Ol Milana, ol ýerden bolsa Rime gider we mümkin boldugyndan Beýrutdaky dogany bilen habarlaşar. Eger taksi bolmasa we bu gizlenmek mümkinçiligi başa barmasa, Marwan özüniň şu ýerde galmalydygyna, öz ykbalynyň çözülendigine we wakalaryň oňat netijesine umyt edip, özüniň polisiýa barmalydygyna düşüner. Eger onda biraz kän wagty bar bolsady, ol oňat plan düzüp bilerdi. Emma onuň diňe bary-ýogy birnäçe sekundy bardy. Sapançany jübüsine salyp, Marwan ýuwnulýan otaga gitdi we elleri bilen ýüzüni ýuwdy. Mümkin boldugyndan ol ganlary ýuwup aýyrmaga synanyşdy, onsoň öl ýaglyk bilen egnindäki agyryly ýarany ýuwdy. Deriden tikilen keltekçe urgyny biraz gowşadypdy, emma ýarany tikmeli bolýar we hünärmen kömek bolmasa, ganyň zäherlenmek töwekgelligi galýardy. Emma ol entek agyryny aýyrýan dermanlary içmekden başga zat edip bilmeýärdi we bir gapjagazdan dermanlary eline döküp, hut şeýle-de etdi. Sarama hökmünde ol keltekçesiniň aşagyna el ýaglygyny salyp, ýara basdy we gana boýalan ýaglyklary taşlady. Onsoň ol ýuwnulýan otagdaky ýaş är-aýallara degişli bolan içi goşly sumkalaryň birini eline alyp, ätiýaçlyk çykalgasyna tarap ylgap gitdi. Merdiwan boýunça aşak düşüp, ol myhmanhananyň gapdal çykalgasyndan çalaja seretdi. Bir polisiýa maşyny bireýýäm gelipdi. Ondan iki poliseý çykyp, holla ylgap girdiler. Taksiçi oňa entegem garaşýardy. Maşyna çenli birnäçe metr ylgap baryp, onuň yzky oturgyjyna özüni oklady. — Aeroporta — diýip, ol fransuzça aýtdy. Sürüji ýerinden gozganmady. Marwan şol diýenini iňlisçe hem gaýtalady, emma netijesiz boldy. Ol taksiçiniň egninden silkeläp, ony oýarmak üçin öňe egildi we gan gördi. Sürüjiň çep çekgesine ok atylyp öldürilen eken. Marwan ýene-de sapançasyny çykardy. Ol maşyn duralgasyna, ýola, esasy girelgä göz aýlady. Hiç kim ýok. Ýakynlaşyp gelýän polisiýa maşynlarynyň sirena sesleri eşidilýärdi. Bu nyşan nämäni aňladýarka? — diýip, ol öz içinden oýlandy. Taksi bar, emma sürüji ýok. Şu ýerde ony elhenç pikir geň galdyrdy. Maşynyň gapysy we onuň içi özüniň barmaklarynyň yzlaryndan doludy. Eger ol şu wagt gizlense, ol adam öldürmede günäkärlenýän bolýar. Ol höküm ediler. Onuň işiniň soňy geler. Onuň kompaniýasy heläkçilige duçar bolar. Özleriniň günäkär däldiklerini näçe erjellik bilen tassyklasalar-da, adam öldürmekde agtarylýanlary baý adamlar goragçy hökmünde hakyna tutmazlar. Ýöne gaçmagy bilen ol bir artykmaçlyga eýe bolar: galsa welin, durmuşyny saklamaga mümkinçiligi bolmaz. Ähli bolup geçenleri hasaba alyp, Marwan özüniň Monte-Karloda galmagy bilen özüniň ölüm hökümine gol çekýändigine ynamlydy. Özüni yzarlaýanlar ol hakda gaty kän bilýärler. Gizlenip bolsa, ol Monakodan we Ýewropadan gidip, duzakdan gaçyp bilerdi. Özüni kimiň we näme üçin yzarlaýandygyny bileri ýaly we mundan beýläk nähili hereket etmelidigi hakynda oýlanara onda wagt bolar. Şeýlelikde, ol çözdi. Ol hökman gizlenmeli. Marwan gapdallaryna göz aýlady we yzyna seretdi. Ýakynda hiç kim ýokdy. Ol öňe uzalyp, öňki oturgyjyň arkasyny ýatyrdy. Taksiçini yzky oturgyja çekip, ol maşyndan çykdy we öňki gapyny açyp, onuň ýük salynýan yzky bölegini açdy. Ol ýerde ol ýorgan we ýol kartasyny tapdy. Ol jesedi ýorgan bilen ýapyp, kartany bolsa öňki oturgyja atdy. Maşynyň öň tarapyndaky gutuda maşynyň resminamasyndan, ätiýaçlyk şahadatnamasyndan we töleg kagyzlaryndan başga-da, ol bir gap desmal we tomat pastaly gapjagazy tapýar. Desmallar ýerlikli bolar. Marwan ýene-de töweregine göz aýlady we başardygyndan dykgat we çaltlyk bilen maşynyň içini süpürip başlady. Haçanda sürüjini öldürenlerinde onuň oturan tarapyndaky aýnanyň açyk bolandygy — hiç bolmanda Marwan üçin — oňat boldy, aýna bitin galypdyr. Marwan maşyna mündi, aýnany ýapdy, ony otlap, ýene bir gezek aýna seretdi. Egni agraýardy, emma bu hakda pikir ederi ýaly onuň şu pursat wagty ýokdy. Polisiýa maşynlary ýakynlaşyp gelýärdi. Myhmanhananyň dolandyryjysy merkezi girelgede durup, poliseýleri garşy alýardy. Ol Marwan tarapa bir zatlar diýip gygyrdy we Marwan muny ol ýerden aýrylmaly diýen nyşan hökmünde kabul etdi. Seresaplyk bilen myhmanhana duralgasyndan çykyp, Marwan günbatara tarap öwrüldi. Italiýa gitmeklik ýalňyşlyk bolar diýip ol çözdi. Fransiýa — oňat pikir. Marselde onuň puly, geýimleri we birnäçe galp pasportlary bar. Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň birnäçe şäherlerinde gurlan şeýle gizlin ýerler onuň işinde wajyp bolan seresaplyk serişdeleridi. Marselde ol bireýýäm birnäçe sagatdan soň bolup biler. Şol ýerde ol maşyndan we jesetden dynar we Kasablanka uçýan uçara müner. Marokkoda ol hiç kimi diýen ýaly tanamaýar. Ol ýerde ol bireýýäm ençeme ýyl bäri bolmady. Bir wagt ol bu ýere gaýdyp gelmerin diýip ant içipdi. Emma şu pursat ol öz ýüregine düwen aýalyň ýanyna barmakdan başga oňat zat tapyp bilmeýärdi. 6 Inspektor Žan-Klod Goddar gaty kän döwlet we telewizion maşynlarynyň arasyndan zordan geçip (geň galdyryjy täzelikler bireýýäm millionlarça tomaşaçylara habar berilýärdi), özüniň asla täze bolmadyk iki gapyly «Renosynda» geldi we Remziniň jaýynyň ýanynda maşynyny goýara ýer tapdy. Maşynyndaky sapançasyny we žeton alyp, ol noýabr aýynyň sowugyna çykdy. Ol Monakoda bireýýäm ýigrimi ýyllap detektiw bolupdy, soňky bäş ýylyny — uly detektiw bolup geçiripdi. Bütin bu wagtyň içinde ol beýle waka duş gelmändi. Ilaty 32 müň adama barabar, gymmat bahaly suwa düşülýän kenaryň 2 kw. km-ni eýeleýän, dünýädäki iň kiçi döwletleriň biri bolan (Watikandan soňky ikinji orunda), Italiýa bilen Fransiýanyň arasynda ýerleşen Monte-Karloda, elbetde, kiçi jenaýatçylyklar, ogurlyklar we beýleki problemalar ýeterlidi. Şeýle-de, Ýewropanyň islendik ýerindäkä seredeniňde, bu ýerde millionerleriň köpdügi sebäpli, bu şäheriň göriplik we açgözlik bilen hereket etdirilýän şahsyýetleri özüne çekýändiginde geň galara zat ýok. Emma minalanan maşynlar? Adam öldürmeler? Onuň üstesine-de, bir günde birnäçe ýerlerdäki ençeme adam öldürmeler? Bu şu güne çenli eşidilmedik zatdy. Ol köçede entegem tüsseläp duran «Renj Roweriň» gapdalyndan geçip, jaýyň holluna girdi. Ol galdyrgyç bilen ýokary galyp, jesetleriň üstlerinden ätläp, otaga girdi. Ony özüniň ýigrimi sekiz ýaşly gara saçly kömekçisi bolan Kolett Dýuwall myhmanhanada garşy aldy, bu ýerde kän bolmadyk, emma sülçüleriň hünärmen topary jenaýatyň bolup geçen ýerini öwrenýärdiler. — Bu ýerde bize özümize erk etmämiz gerek bolar — diýip, kömekçi gyz Dýuwall aýtdy. — Bize bireýýäm näme belli? — diýip, Goddar özüniň ömründe şu wagta çenli gören jaýlarynyň iň kaşaňy bolan adam öldürilmeçilik ýerde durup, berk asudalygyny saklamaga synanyşmagyny dowam etdirip sorady. Siz başlykdan deslapky maglumaty aldyňyzmy? — diýip, Dýuwall sorady. — Hawa. — Onda başlalyň. Kömekçisi ony töweregi hek bilen çyzylan, otagyň merkezinde ýatan daýaw erkegiň ýanyna alyp bardy. — Pahyr Rafik Remzi Süleýman bilen tanyş boluň. — Bu hut şol Remzimi? — diýip, Goddar sorady. Müsürli millioner? — Hawa, şeýle bolsa gerek diýip gorkýaryn — diýip, Dýuwall jogap berdi. Siz onuň bilen tanyşmy? — Men onuň özi we aýaly bilen birnäçe ýyl ozal Gran-Pride tanyş bolupdym — diýip, Goddar gürrüň berdi. Gaty görnükli adam. Olar dogany bilen Asuanda ýa-da Luksorda gaty garyp maşgalada doglupdyrlar we faraonlardan hem baý boldular. Ilki bilen olar demir magdanlaryny, altyn, fosfatlar we beýleki zatlary işläp çykarmak bilen meşgullanýardylar. Doganynyň ölüminden soň ol esasan-da Niliň dilkawynda tebigy gazy işläp bejermek bilen meşgullandy we gaty baý boldy. Umuman, ol ýakymly adam — sada, açgöz däl, mähirli adam ýaly täsir galdyrýardy. Onuň aýaly babatda bolsa… Sesini peseldip, Goddar sorady: — Ol şu ýerdemi? Dýuwall başyny çaýkady. — Onçakly däl. — «Onçakly däl» diýýäniňiz näme? — Ony iki hepde mundan ozal Parižde ogurlapdylar. — Şeýlemi — diýip, Goddar özüni günäkär ýaly duýup aýtdy. — Bu etnek hemmesi däl — diýip, Dýuwall aýtdy. — Ýene näme? — Remziniň gyzy — onuň birinji nikasyndan bolan ýeke-täk gyzy — ejesiniň ýiten güni öldürilipdi. Goddar ýüzüni çytdy. Bu näme? Kakasy öldürilen. Gyzy öldürilen. Ejesi ogurlanan. Bu betbagt maşgalanyň üstünde nähili nälet barka? — Ol näçe ýaşyndady? — Kyrk iki. — Ýok, aýaly däl, gyzy — diýip, Goddar aýtdy. — Bagyşlaň, Dýuwall özüniň ýazgylaryna seretdi. Brigitti on iki ýaşyndady. Goddar başyny çaýkady. Onuň öz gyzynyň tizden ony dolar. — Bireýýäm günäkär diýlip çak edilýän barmy? — diýip, Goddar bu elhenç jenaýatlary amala aşyranlary hökman tapyp, olary jogapkärçilige çekmegi öz pikirinde özüne wada berip aýtdy. — Entek ýok — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Şaýatlar? — Biri bolmagy mümkin. — Kim ? — Kimdir Marwan Akkad diýilýäni — diýip, Dýuwall aýtdy. — Ony tapyň we meniň ýanyma alyp geliň — diýip, Goddar buýurdy. 7 Marwan ýolda bireýýäm bir sagatlap gidýärdi. Bary edil ümürde bolşy ýalydy. Gorkynyň, ýadawlygyň we agyrynyň birleşmesi aýdyň pikirlenmäge päsgel berip, duýgyny küteldýärdi. Her gezek ol ýol kireýini töläninde, özüni saklarlar diýip garaşýardy. Polisiýa maşynyny görüp, ol häzir özüni saklarlar diýip oýlaýardy. Emma entek bary ýuwaşdy. Belki-de, hatda gaty ýuwaşdyr. Monakoda ony bireýýäm agtarýan bolsalar gerek. Diýmek, Italiýada we Fransiýada hem agtararlar. Ýagny, eger ol Ýewropada garaşmagy çözen bolsa, indi beýle edip bilmez. Ol Demirgazyk Afrika gitmeli. Emma ol uly gämi bilen gidip bilmez: bu gaty uzak ýol. Oňa uçar gerek. Emma öz ady bilen uçmak bolmaz. Diýmek, hut şeýle ýagdaýlar üçin gizlenilip goýlan pasportlar gerek. Ýagny diňe Marselden uçmagy bilen ol azatlykda galyp biler. Eger ýady aldamaýan bolsa, sagat onda Kasablanka «Roýal Er Marok» reýsi uçmaly we ol gijäň ýaryna düşmeli ýerinde bolmaly. Elbetde, bu ýerde töwekgelçilik bar. Aeroportda ony tutup bilerler, emma onda saýlaw ýok. Ol synanyşyp görmeli. Ýol belgisi görnüp gitdi — ýene ýüz kilometrden hem kän ýol galýar. Ol öz içinden sögünip, gazy basdy. Marwan A8 gara ýoly bilen gidýärdi. Ol özüniň şunuň ýaly ýolda gaty gowşak goralandygyny bilýärdi. Emma kenarýaka ýol ýa-da gapdal ýollar bilen öwrülip gideri ýaly, onuň wagty ýokdy. Wagt şonsuzam gaty az we hatda eger ol aeroporta wagtynda baryp ýetişse-de, yzky oturgyçdaky jeset bilen näme etmeli? Nädip uçara münmeli? Bilet hatda satyn alnan hem däl, eýsem, bronlanan hem däl. Ol Beýrutdaky nomeri urdy. Onuň haýran galmasyna, tanyş ses jogap berdi. — Allo? — Rami, bu Marwan. — Eý Alla, doganym, bu dogrudanam senmi? Sen nähili? Men ýaňyja radioda eşitdim: Monte-Karloda bir elhenç zat bolupdyr — ol ýerde atypdyrlar, maşyny ýarypdyrlar — emma jikme-jikleri gürrüň berilmedi. — Meniň ýagdaýym oňat — diýip, Marwan aýtdy. Ýöne biraz gereginden artyk gaharlandym. Iş ýüzünde bolsa ol ýarasynyň agyrysyna zordan çydaýardy, emma doganyny howsala salmagyň geregi ýokdy. Hiç bolmanda, ony munuň bilen howsalandyrmagyň geregi ýokdy. Howsala üçin beýleki sebäpler bardy. — Sen ýekemi? — diýip, ol sorady. — Hawa — diýip, Rami jogap berdi. Galanlaryň hemmesi öýli-öýlerine gitdiler. — Bu gaty oňat. Maňa seniň kömegiň gerek. — Elbetde. Näme boldy? — Häzir gürrüň bererin — diýip, Marwan jogap berdi, — emma ilki bilen maňa uçar üçin bilet buýur. — Haçana? — Agşama. — Nirä? — Marselden Kasablanka. — Marselden? — diýip, Rami ondan sorady. Emma men pikir etdim, ýagny sen… — Rami, senden haýyş edýärin. Men saňa häzir baryny düşündirerin. Marsel — Kasablanka. Haçan soňky reýs? — Sekiz otuzda, emma… — Soňky reýs sagat onlara ýakyn diýip men pikir edipdim. — Marwan çep tarapdan polisiýa maşynyna meňzeş maşynyň ýakynlap gelýändigini gördi. Ol ýeňillik bilen gazy peseltdi. Rami gürrüňini dowam etdirýärdi. — Marwan, maňa ynanyp bilersiň. Men onuň bilen ýüz gezek uçdum. Reýs 256. «Roýal Er Marok», «Er Frans» bilen goşulyşyk. Uçuş wagty 8.30-da. Kasablanka gonuş wagty 10-da. Polisiýa maşyny çyralaryny ýakyp öçürdi. Marwan ses bilen sögündi. — Näme? — diýip, Rami gaýtadan sorady. — Hiç zat — diýip, Marwan jogap berdi. Başgasy ýokmy? Saklanmalymy? — Marwan öz içinden oýlandy. — Onsoň näme? Yzky oturgyçdaky jesedi ol nädip düşündirer? Ol doganynyň kompýuteriň ähli düwmejiklerini basýandygyny eşidýärdi. Ol doganynyň ähli kompaniýalary barlaýandygyny edil görýän ýalydy. — Gynansam-da, ýok, Marwan — diýip, ahyrsoňy Rami aýtdy. Eger sen Kasablanka şu gün barmak isleseň, diňe 256-njy reýs bar. Sen galyp, başga bir ulag bilen ertir gidip bilmersiňmi? Marwan has-da howsalanyp başlady. Ol tizligi peseldip, ýoluň gyrasyna çykdy. — Ýok — diýip, ol doganyna jogap berdi. — Men şu gün uçmalydyryn. — Onda sen 8.30-a münmelisiň. Sen nirede? Polisiýa maşyny ýakynlaşdy. — Bilet buýur — diýip, doganyna aýtdy. — Bir tarapamy? Marwan maşyny saklap, heläkçilik çyrasyny işletdi. — Ýok, iki tarapa. — Yza bilet haçana gerek? — Kim bilýär ony? — Bolýar — diýip, Rami aýtdy. — Bir zatlar oýlap taparyn. Aeroportda seniň entegem şol ýaşigiň barmy? Marwan jogap bermedi. Onuň gözleri gapdalyndaky polisiýa maşynyna gönükdirilendi. — Marwan — diýip, Rami ýene gaýtalady, — Marseldäki seýfiň — ol entegem sende barmy? — Bardyr! — diýip, Marwan jogap berdi. Bolmasa men näme üçin Marsele gideýin? — Bolýar, bolýar, gaharlanma — diýip, Rami aýtdy. — Men ýöne kömek etmek isledim. Marwan gapdalynda ýatan sapança seretdi. «Gaharlanma» diýip aýtmak aňsat. — Haýsy at bilen buýurmaly? — Kardella — diýip, Marwan jogap berdi. — Jek Kardellamy? — Hawa. — Bolýar — diýip, Rami jogap berdi. — Geçelgedemi ýa-da aýnaň ýanynda? Marwan jogap bermedi. Ol haýallyk bilen telefonyny goýup, elini sapança uzatdy. Ol doganynyň sorag bermegini dowam etdirýändigini eşidýärdi we sowuk sapançany barmaklary bilen berk gysdy. — Marwan! Sen meni diňleýärsiňmi? Der sebäpli eliniň aýalary öl boldy. Ýüregi dürküldäp urýardy. — Marwan! Maşyn saklanman, gapdaldan geçip gitdi. Ony agtarmaýarlar. Başga birini bolsa gerek. Ýarym kilometr geçip, gyzyl «Porşeni» sakladylar. Marwan ýeňilligi däl-de, özüniň edeni ýa-da etmäge taýýar bolan işi üçin özüne bolan ýigrenji duýdy. Ol ýöne bir hiç zatda günäkär bolmadyk poliseýi öldürmegi däl-de, sapançadan ok atmagy oýlapdy. Onuň bilen näme bolýar? Ol kime öwrülip barýar? Marwan edil öz kalbyna syn edip, onuň ýetip gelýän gijeden hem garaňkydygyny göreni ýaly boldy. — Marwan! — ol ýene-de doganynyň sesini eşitdi. Näme bolýar, aýtsana?! Marwan sapançany goýdy we elleriniň aýalaryny balagyna süpürip, arkaýyndan demini almaga synanyşdy. Ol ýene-de eline telefony alyp, şeýle diýdi: — Hawa, Rami, men bu ýerde. Bagyşla. — Näme bolýar? Bary oňatmy? — Ýok — diýip, Marwan jogap berdi. — Bary däl. Ol dwigateli otlap, Marsel tarapa okduryldy. Şu pursatda edil böwediň ýarylyşy ýaly boldy we ol bolup geçenleriň baryny doganyna gürrüň bermäge başlady. Remzi bilen gürrüň hakynda. Öldürme hakynda. Ýarylan maşyn hakynda. «Meridýendäki» atyşyk hakynda. Entegem maşynyň yzky oturgyjynda ýatan taksiçiniň jesedi we şu wagt hem onuň telefonyndan peýdalanyşy hakynda. Özüniň gizlenmek kararyny kabul edendigi hakynda. Şeýle-de, özüniň adam öldürmäge neneň ýakyn bolandygy hakynda. Bu boýun alma howsala we özüni günäkär duýmaklyk bilen baglydy. Emma ol Rami doganyna bermeli maglumatlary hem öz içinde saklaýardy. Çünki ol kompaniýadaky ikinji adamdy, bolup geçýänleriň bary bolsa göni oňa degişli bolup durýardy. Iň esasy zat, onuň üçin doganynyň pikirleriniň aýdyňlygy we özünde bolmadyk soňky sagatlaryň wakalaryndan duýgy tarapdan daşda bolmaklyk gerekdi. — Men ýalňyşlyk etdim diýip sen oýlanýarsyňmy? — diýip, Marwan öz gürrüňini tamamlap sorady. — Bolanlaryň baryndan soň Monte-Karlo gitmegiň bilenmi? — Hawa. — Ýok — diýip, Rami hiç hili şübhelenmän aýtdy. — Men hem edil şeýle hereket ederdim. — Çynyňmy? — Hawa — diýip, Rami tassyklady. Sende başga saýlawyň ýokdy. — Eger seni polisiýa saklan bolsa näme? — diýip, Marwan köşeşmedi. — Sen şonda näme ederdiň? — Muňa çenli baryp ýetmändigi üçin Hudaýa şükür et — diýip, Rami jogap berdi. Emma Marwan Hudaýa şükür etmek ýagdaýynda däldi. Ol eýýäm ençeme ýyllap Ondan gaharlydy. Onuň dilegleri hiç mana eýe däl ýalydy. Olar eşidilmän galypdy, öz soraglaryna bolsa ol jogaplar almaýardy. Ýaralary bitmeýärdi. Özüne gymmat bolanlaryň Ramiden başga hemmesini ýitiripdi. Häzir bolsa ol özüniň zähmeti bilen döredilenleriň baryny ýitirip bilerdi. — Bularyň bary biziň synmagymyza getirip biler — diýip, Marwan birnäçe wagtdan soň aýtdy. — Ýa-da biziň ölümimize — diýip, dogany belledi. Marwanyň içinde bar zat gysyldy. Rami mamlady we Marwan ony şeýle ýagdaýda goýany üçin özüni erbet duýdy. Ol hemişe-de Raminiň goragçysydy, häzir bolsa ikilerini-de ol ullakan howda duçar edýärdi. — Men gaty gynanýan — diýip, Marwan aýtdy. — Munuň beýle boljakdygyna men garaşmandym. Emma Rami onuň aklamalaryny hatda eşitmek hem islemeýärdi. — Meniň üçin howsalanma — diýip, ol aýtdy. — Emma men howsalanýaryn — diýip, Marwan aýtdy. — Marwan, meniň bilen bary oňat bolar — diýip, Rami aýtdy. Seniň bilen hem. Çünki mundan hem erbet ýagdaýlar bolupdy ahyryn. — Bilmeýärin, jigim — diýip, Marwan uludan demini aldy. Bilmeýärin. 8 Şäheriň üstünde poliseý dik uçarlary tatyrdaýardylar. Monte-Karlodan gidýän ýollaryň barynda barlag nokatlary berkidilendi. Maşynlary, taksileri, awtobuslary we otlulary barlaýardylar, hatda keselhanalardyr myhmanhanalary hem aýlanýardylar. Port bilen hususy aerodromlar ýapykdy. Monako hyzmat edýän iň ýakyndaky Nisse aeroportynyň işgärlerine duýduryş berlipdi. Ýöne kiçijik şäheri aňk-taňk edin jenaýatçylygyň ýeke-täk şaýady bolan Marwan Akkad hiç ýerde-de tapylmady. Rafik Remziniň ganhorunyň yzyna çykmaga kömek ederi ýaly, polisiýada ýekeje-de ýapyşara delilnamasy ýokdy. Inspektor Žan-Klod Goddar kellesini çaýkady (onuň aşgazanynyň ýarasy üpjün edilipdi) we balkona çykdy. Ol gijäniň arassa howasyndan dem aldy we betondan edilen gämi duralgasyna urulýan tolkunlara syn edýärdi. — Ine, siziň görmek islän suratyňyz diýip, Kolett Dýuwall 21x27,5 ölçegli ýaňy çap edilen suraty uzadyp aýtdy. — Bu synlaýan kameradan alnanmy? — diýip, Goddar ondan sorady. — Hawa, jenap — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Ol ýerde bary taýyn. — Häzir barýaryn — diýip, Goddar aýtdy. Onuň elinde Marwan Akkadyň suraty bardy. Ol owadan adamdy, emma edil kino ýyldyzlarynyňky ýaly göze düşýän daş-keşpli däldi. Onuň derisiniň reňki akdy, gysga gyrkylan gara saçlydy. Ol arassa edip sakgaly alyngydy (hiç bolmanda, şu suratda şeýledi), murtsuz, sakgalsyz we sakgal sapsyzdy. Burny — uly bolmadyk, alkymy — aýgytly. Oňat fiziki bedenli. Goddaryň belleýşi ýaly, hiç hili aýratyn häsiýetsiz. Hiç hili ýara yzlary ýok, ony märekeden tapawutlandyrar ýaly hiç bir aýratynlygy ýok. Juda gowy goragçy. Goddaryň ünsüni Marwanyň gözleri çekdi — uly, gara we özüniň garaşanyndan has ýyly, ýiti we adalatlygy söýýän akly beýan edýän gözler, emma şol bir wagtyň özünde edepliligi we adamkärçiligi aňladýan gözler. Bu gözlerde Goddaryň özüni gyzyklandyrýan we bilesigelijiligi döredýän dessine kesgitlemäge gynanýan ýene bir zady bardy. Belki-de, gaýgynyň möhüridir? — Köpeldip, biziň ähli adamlarymyza beriň — diýip, ol tabşyryk berdi. — Telewideniýä hem iberiň. Onuň şaýat hökmünde yzarlanylýandygyny habar beriň. — Bolýar, ser. — Sylag hakynda hem bildiriş beriň. — Näçe? — diýip, Dýuwall ondan sorady. — Biziň hasabymyzda näçe pul galdy? — Ýüz bardyr öýdýärin. — Bolýar, hemmesini alyň — diýip, Goddar aýtdy. — Bu elhenç jenaýatda günäkär bolanlary ele alyp, olary jogapkärçilige çekmäge kömek etjek maglumat üçin 100 müň ýewro. Bizde bar bolanlaryň baryny hökman Interpola habar beriň. Belki-de, olarda Marwan babatda bir zatlar bardyr. — Hemmesi ýerine ýetiriler, ser. — Agtaryş çäklerini-de ulaldyň — diýip, Goddar sözüne goşdy. Ol has-da aladalanýardy. — Siz Marwan bireýýäm Monte-Karloda ýok diýip oýlaýarsyňyzmy? — Bilmeýärin — diýip, Goddar boýun aldy. Kannanyň, Sent-Rafaeliň, Ýeriň, şeýle-de, Italiýanyň Albengi we Genuisine habar beriň. — Şeýle uzaklaramy? — diýip, Dýuwall gaýtadan sorady. Goddar başyny yrdy. — Biz töwekgelçilik edip bilmeýändiris, Kolett. Biz adam öldürijiniň kimdigi hakynda hiç zat bilmeýäris. Biz kimi agtarmalydygymyzy bilmeýäris. Entek bizde bar bolan ýekeje sapak — bu Marwan. Onuň entegem şu ýerde bolmagy mümkin. Eger biz ýalňyşýan bolsak näme? — Hawa, ser. — Şeýle-de, kiçi şäherdäki demir ýol stansiýalary we gämi gatnawlary bilen habarlaşyň. Her ýarym sagatdan maňa maglumat berip duruň. Men täze maglumatlara eýe bolmak isleýärin. — Ýene bir zat — diýip, Dýuwall aýtdy. Siz bireýýäm oňa jaň etdiňizmi? Goddar sesini çykarman başyny çaýkady. — Emma, beýle etmek gerekdir, şeýle dälmi? — diýip, Dýuwall seresaplyk bilen sözüni dowam etdi. — Hawa, siz mamla — diýip, Goddar uludan demini aldy. — Meniň muny etmegimi isleýärsiňizmi? Goddar isleýärdi. Emma, neneň ýakymsyz bolýandygyna seretmezden, muny onuň özi — uly detektiw etmeli, ýogsa-da, gijä goýman etmeli. — Ýok — diýip, ol ahyrsoňy sözledi. Meniň özüm. Ýöne onuň telefon nomerini uruň. Munuň gyssagdygyny aýdyň we maňa trubkany berersiňiz. — Hawa, ser — diýip, Dýuwall aýtdy. Bireýýäm jaň edýärin. Goddar uklanylýan otagyň gapdalyndaky uly bolmadyk otaga girdi, bu ýerde beýleki detektiw oňa syn ediş kamerasynyň ýazgylaryny görkezdi. Ony bütin gürrüň döwründäki Remziniň ýüzündäki alada we Marwanyň rahatlygy haýran galdyrdy. — Saklan — diýip, birden Goddar öňe uzalyp aýtdy. Hawa, şu ýerde yza aýlaň. Marwan Remzä bukjany uzatdy. Ilkinji täsir şok boldy, onsoň — gahar? Nägilelik? — Bu näme? — diýip, Goddar detektiwden sorady. — Ol bukjadan näme çykardy? — Görünmeýär — diýip, detektiw jogap berdi. — Jenap Akkad ýapyp dur. — Beýleki kameranyň düşüren ýazgysy ýokmy? — Ýok, ser. Bu bizde bar bolanyň bary diýip gorkýaryn. — Bu nähilidir bir suratmy? — Şuňa meňzeýär. — Ulaldyp bolýarmy? Anykrak edip? — Häzir ýok, ser — diýip, detektiw jogap berdi. — Emma biziň edarada muňa synanyşyp bolar. — Synanyşyp görüň — diýip, Goddar buýruk berdi. — Nähilidir bir netijeler bolan ýagdaýy dessine meniň bilen habarlaşyň. 9 Bar gürrüň onuň Marsel Lemýä çydam edip bilmeýändigindedi. Muny başgaça atlandyryp bolmaýardy. Onuň bilen gürleşmeklik mümkinçiliginiň özi — bilelikde işleşmek hakynda gürrüň hem etmän — Goddarda ýüreginiň bulanmagyny döredýärdi. Emma näme etmeli? Lemýe Klodett Remziniň ogurlanmagy bilen Brigitti Remziniň öldürilmegi baradaky işi alyp barýardy. Oňa habar berilmelidi. Ol jenaýat edilen ýeri we Remziniň otagynda gurnalan kameralaryň ýazgylarana syn etmek islär. Onsoň bu hakda Lemýe Akkada gürrüň berer we eger ol ony tapyp bilse, onda hut Akkad gerek bolan şaýat bolup biler. Galyberse-de, bütin Ýewropanyň poliseýleriniň arasynda Lemýe edil diri rowaýat ýalydy. Ol birnäçe uly şowhun turzan işleri — adam öldürmäniň, ogurlanmanyň, banklary ogurlamaklygyň üstüni açypdy we bularyň bary baý, meşhur we gaty tanymal dostlary bar bolan adamlar bilen baglanyşyklydy. Ýöne Goddar oňa çydam edip bilmeýärdi. Olar iki gezek bilelikde işlemeli bolupdylar we iki ýagdaýlardan hem Goddarda ýakymsyz yz galypdy. 2000-nji ýylda Monte-Karloda dynç alan fransuz diplomaty ýitýär. 3 günden soň onuň aýaly töleg talabyny alýar, emma tölemezlik karary kabul edilipdi. Bir hepdeden soň Goddaryň adamlary diplomatyň jesedini tolkunlaryň kenara çykaryp taşlandygyny aýan edýärler. Hut şol gün bir kazinonyň hyzmatçy aýalynyň jesedi tapylýar, ol öz-özüni öldüren bolsa gerek. Bu ýerde baglanyşyk barmydy? Goddar aýalyň dostlary bilen garyndaşlaryny sorag edip başlapdy. Iki günden soň ol iki wakalaryň arasyndaky gytaklaýyn subutnamalara eýe bolupdy we hatda günäkär diýlip çak edilýänleriň üçüsiniň atlaryny-da bilipdi. Emma bu ýerde Lemýe ara goşulýar we onuň elinden işi alýar. Goddar öz işdeşlerine aýdyşy ýaly, Lemýe muny asla işi çalt derňemek üçin etmändi. Işiň üsti asla açylmandy. Ähli maglumatlar könelipdi. Günäkärler diýlip çak edilýänler azatlykda galypdylar. Subutnamalar ýitipdi. Işiň derňewi döwründe (eger muňa asla şeýle diýip bolýan bolsa) Lemýe özüni gopbamsy we gödek alyp barypdy we ahyrsoňy işi «çözülmesiz» diýip yglan edip, ýakymsyz we haýpyň geliji duýgulary galdyryp, Pariže gidipdi. Onsoň olar 2003-nji ýylyň tomsunda duşuşypdylar, şonda fransuz hannasy-gämi eýesi ogullary bilen ýitipdi. Olar bahasy 25 millionlyk ýeňil gämide Monte-Karlodan Ortaýer deňzi boýunça gezelenje ýola düşüpdiler. Edil düýn bolşy ýaly, Goddar ähli jikme-jikleri ýadynda saklapdy. Edaradan sagat daň altyda gelen telefon jaňy. Ýiteniň aýalynyň kakynyň tutmagy. Habar beriş serişdeleriniň ara goşulmaklary. Haýran galdyryjy makala atlary. Şunuň ýaly meşhur, Fransiýanyň premýer-ministriniň dosty ýaly adam her gün ýitirim bolup duranok. Emma olary tapmak mümkin däldi. Ne teni, ne-de gany. Hiç hili yz ýok. Emma hemmeler jogap talap edýärdiler. Parižiň gazetleri ýadaman Monte-Karlonyň häkimiýetlerini hereketsizlikde günäkärleýärdiler. Goddora basyş edýärdiler: netijeler talap edilýärdi — hereketiň bardygyna görkezýän islendik zat — barmaklaryň yzlary, şaýatlar we ş.m. talap edilýärdi. Goddar iýmeýärdi. Ol asla uklamaýardy. Ol öz adamlaryna gün bermän, tas özi-de arryklama sebäpli keselhana düşüpdi. Ahyrsoňy bir zatlar boldy. Özleriniň garaşyp, dileg edenleri amala aşdy. Goddar onuň Monte-Karloda jaýynyň bardygyny we ony şäherde görendiklerini bilýär. Galyberse-de, onuň işdeşleriniň ikisi hannasyň ýiten güni gämi portunda bolupdyrlar. Olar kateri kireýine aljak ekenler. Iş ýerinden gozganypdy. Goddarda günäkär diýlip çak edilýänler peýda bolupdy. Ol derňewi dowam etdirmek niýeti bilen Moskwa uçmaklyk hakynda başlyklaryndan rugsat sorapdy. Oňa rugsat bermänlerinde ol gaty geň galypdy. Bir sagat hem geçmänkä, otaga Lemýe girip gelip, işiň oňa tabşyrylandygyny yglan edipdi we iş boýunça ähli resminamalaryň nusgasyny talap edipdi. Goddar razy däldi, emma onuň garşylygy başlyklary tarapyndan ret edilipdi. Moskwa Goddar däl-de, Lemýe gidipdi. Bu iş hem saklanyldy. «Bankçynyň» kömekçileri gizlin halda ýitirim bolýarlar, onuň özi bolsa naýynjar günäsizligi aýan edýär. Emma Lemýe geň galdyryjy ýumşaklygy görkezipdi. Tizara ruslardan günäkärlemeler aýrylypdy we Lemýe Pariže dolanyp geldi. Ol işi gözegçiligi astynda saklamagy wada beripdi, emma iş ýüzünde işiň açylmagyny görmeklige umyt galdyrmandy. Munuň üstesine-de, rus «bankçysy» Monakonyň hem häkimiýetini goşmaklyk bilen, birnäçe häkimiýetlerden resmi ötünji kabul edipdi, Goddar bolsa «Monakonyň gymmat dostunyň abraýyna esassyz degendigi» sebäpli bir hepdeläp tölenilmeýän işden boşadylma gazanypdy. Ine-de, indi Ýewropanyň detektiwleriniň iň utançsyzy bolan Marsel Moris Lemýe dolanyp gelýär. Dýuwall balkona çykdy we Goddara trubkany uzatdy. — Bu ol — diýip, ol pyşyrdap aýtdy. Goddar gözlerini owkalap, trubkany aldy. — Inspektor Lemýe, sizi ýene-de eşidenime şat — diýip, ol aldady. — Siz meniň dynç günümi böldüňiz — diýip, Lemýe jogap berdi. — Men gaty gynanýaryn jenap, emma hiç zat edip bilmeýärin. Mende siziň üçin erbet habarlar bar diýip gorkýaryn. — Siziň eden jaňyňyz — bireýýäm ýeterli derejede erbet habar — diýip, Lemýe hüňürdedi. Goddar özüni saklady. Bu adam ýöne çydardan beter. — Jenap Remziniň ölüdigini size habar bermäge mejburdyryn. Simiň beýleki çetinde ümsümlik höküm sürdi. — Rafik Remzimi? — diýip, ahyrsoňy Lemýe sorady. — Hawa, şeýle bolsa gerek — diýip, Goddar tassyklady-da, ölümiň ýagdaýlary hakynda özüne bireýýäm tanyş bolanlary oňa gysga beýan etdi. — Günäkär diýlip çak edilýänler barmy? — diýip, Lemýe ondan sorady. — Entek ýok, emma biz ýaňyja derňewe başladyk we bu işde siz bize kömek edip bilersiňiz diýip men oýladym. — Şaýatlar? — diýip, Lemýe ýene sorady. — Biz şu wagt hut munuň bilen meşgullanýarys — diýip, Goddar jogap berdi. — Bir adam bar, Marwan Akkad, gorag edarasynyň baş dolandyryjysy. Remzini öldürenlerinde, ol onuň ýanynda eken. Özüni kimiň we näme üçin öldürendigini anyklamaga kömek etjek bir zatlary Remziniň Marwan Akkada aýdandygyna biz umyt edýäris. — Umyt edýäris diýýäniňiz näme? — diýip, Lemýe sorady. — Siz näme, entek ony soraga tutmadyňyzmy? — Ýok — diýip, Goddar jogap berdi. — Entek ýok. — Gaty oňat — diýip, Lemýe gahar bilen aýtdy. — Meniň özüm ondan soraryn. Men aeroporta giderin. Goý, kimdir biri meni dikuçar meýdanynda ýigrimi minutdan garşylasyn. — Ýigrimi minut? — diýip, Goddar gaty geň galdy. Eýsem, siz Parižde dälmi? — Ýok, men Nissede. Lemýe muny edil Goddaryň bilmelisi ýaly edip aýtdy. Ýogsa-da, belki, ol biläýmelidi. Näme üçin Dýuwall ony duýdurmady? Ol Goddaryň duýdansyz ýagdaýlary halamaýandygyny bilýärdi ahyryn. Tentejigiň kellesini munuň üçin aýyrmaly, emma şu wagt däl. Şu wagt onuň has wajyp işleri bar. — Bolýar, jenap Lemýe — diýip, Goddar ýüzlendi. Meniň adamlarymyň biri sizi hökman garşy alar we Remziniň jaýyna alyp geler. Emma siz Marwan Akkad bilen gürleşip bilmersiňiz diýip gorkýaryn. — Näme üçin? — diýip, Lemýe talap ediji äheňde sorady. — Marwan ýitirim boldy. — Ýitirim boldy? Goddar uludan demini aldy. Bu hakda Lemýä Goddaryň boýun almaklyk isleýänleriniň iň soňkusydy. — Hawa, şeýle diýip gorkýaryn. Garym-gatymlykda ol ýitirim boldy. Emma şäherden çykalgalar ýapyk. Biz ony tizden tapyp, sorag ederis. Ol bize iň gerekli şaýat bolup biler. Munuň üstesine-de, ol ýeke-täk şaýat. — Ýok, jenap Goddar — diýip, Lemýe gürledi. — Bu ýerde siz ýalňyşýarsyňyz diýip gorkýaryn. Marwan Akkad şaýat däl. Meniň üçin ol — esasy günäkär diýlip çak edilýän. — Günäkär diýlip çak edilýän? — diýip, Goddar sorady. — Biz ol hakda hiç zat bilmeýäris, onuň kimdigini, onuň näme üçin bu ýerde bolandygyny — hiç zat. — Onda biliň — diýip, Lemýe gödek aýtdy. — Ony tutmaklyga order beriň we Milandan tä Marsele çenli häkimiýetleri duýduryň. Onuň gaçmagyna ýol berilmeli däldir. Ýa-da — men size muny wada berýärin, jenap Goddar — siziňkiden başlap, kelleler aýrylar. 10 Ýagyş başlandy. Marwan maşynyň aýna süpürijilerini işletdi we öl ýolda maşynyň çete burup gitmezligi üçin özüniň ynanmaýan Hudaýyna ýüzlenip başlady. Duýdansyzlykda ümsümligi bozup, ony howsalandyryp, el telefony jyňňyrdady. — Allo? — Marwan, bu men, Rami. Sen bireýýäm ýetip bardyňmy? — Entek ýok. Marwan sagadyna we karta seretdi we içinde bary gysylyp gitdi. Bireýýäm sekiziň ýary, ol bolsa diňe indi Marsele ýakynlaşyp barýar. — Rami, men ýetişmerin diýip oýlaýaryn — diýip, ol ýüzlendi. — Marwan, sen ýetişäýmelisiň — diýip, Rami aýtdy. — Sende başga saýlawyň ýok. Demirgazyk Afrikadan men seni äkidip bilerin, emme fransuz türmesinden däl. Entek uzakmy? — Bäş ýa-da alty kilometr, emma sagada seret. — Hawa, hawa, men bilýärin — diýip, Rami aýtdy. — Emma sen tä aeroporta baryp ýetýänçäň, biz käbir zatlar hakynda gürrüň etmelidiris. — Mysal üçin, näme? — Ilki bilen seniň telefonyň, sen bu telefonyň taksiçiniňkidigini aýdypdyň, şeýlemi? — Hawa. — Emma sen biziň Pragadaky skremblerimizden jaň etdiňmi? — Elbetde. — Diýmek, polisiýa seniň maňa edýän jaňyňy yzarlap bilmeýär — diýip, Rami aýtdy. — Emma olar synanyşyp görerler, şonuň üçinem bu telefondan mundan beýläk peýdalanmak gadagan. Haçanda biz gürrüňimizi gutaranymyzda, ony taşla. Düşündiňmi? — Düşündim. — Haçanda Kasablankada bolanyňda, eliňdäki puluňa sputnik telefonyny satyn al — diýip, Rami sözüni dowam etdi. — Gysganma-da, oňadyny al, oňa başga biriniň girmegi kyndyr. — Bolýar. — Ondan diňe maňa jaň et. Başga hiç kime. — Bolýar, başga hiç kime. — Marwan, men degişýän däldirin — diýip, Rami berk sesi bilen aýtdy. — Sen ýadadyň, seniň beýniň gaty ýadaw. Sen özüňe erk edip bilmeýärsiň we aýratyn seresap bolmalysyň. Sen özüňe ujypsyzja ýalňyşlygy goýbermäge ýol berip bilmeýärsiň. Tä biz entek bolup geçenlere oňatja düşünýänçäk, ýer gözden sypyp, şol ýerde bolmalysyň. Sen dostlaryň bilen duşuşmaly dälsiň, öňki bolýan ýerleriňde-de bolmaly dälsiň. — Bu kyn däl — diýip, Akkad aldady. — Marokkoda men hiç kimi-de tanamaýaryn. — Bolýar — diýip, Rami aýtdy. — Hut şeýle bolany oňat. Raniýanyň Parižden gidip, indi Kasablankada ýaşaýandygyny Rami bilmeýär we Marwan oňa bu hakda şu wagt gürrüň bermek islemeýär. — Şeýle-de, gulak as, bir zady anyk aýdyp bolýar — diýip, dogany sözüni dowam etdi. — Klodett Remzi babatda seniň duýgularyň seni aldamady. Ol diri we San-Paulada ýör, ol pullary geçirmeklik bilen meşgullanýar. Diýmek, bularyň barynyň arkasynda onuň özi dur. Muny-da bireýýäm biziň bilýändigimiz oňat. — Onda näme ýaman? — diýip, Marwan doganyndan sorady. Marselde ýagyş güýçli ýagyp başlady we onuň egni has-da güýçli agrap başlady. — Oňa we onuň bilen işleýänlere seniň olaryň yzlaryna çykandygyňyň mälimdigi. — Düşünmedim — diýip, Marwan aýtdy. — Çünki bu hakda diňe men we meniň Sýurihdäki we San-Pauladaky çeşmelerim bilýär ahyryn. — Olar iki taraplaýyn oýny alyp baryp bilmezlermi? — Muny göz öňüme getirip bilmeýärin — diýip, Marwan jogap berdi. — Men olary azyndan on bäş ýyl bilýärin. — Olar Remziniň telefonyny diňläp bilmezlermi? — diýip, Rami sorady. — Monte-Karlodamy? — Ýok, Parižde. — Bu mümkin — diýip, Marwan ylalaşdy. — Emma kim? Gorag edarasymy? — Ýa-da polisiýa — diýip, Rami aýtdy. — Çünki ol fransuz razwedkasyndan birini çak edýändigini aýdypdy ahyryn. — Hawa. — Diýmek..? Marwan oýa batdy. Belki-de, Rami mamladyr. — Sen Remzä jaň edeniňde, onuň bilen näme hakda gürleşdiň? — diýip, dogany sorady. — Sen surat hakda aýtdyňmy? San-Paula hakynda? — Ýok, elbetde, ýok — diýip, Marwan aýtdy. — Men diňe özümde garaşylmagy mümkin bolmadyk täzeligimiň bardygyny aýtdym. Onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşmalydygymy, emma Parižde däldigini aýtdym. — Monte-Karlony sen teklip etdiňmi? — Ýok, ol. — Nirede we haçan duşuşjakdygyňyzyň ähli jikme-jiklerini ol saňa telefon boýunça habar etdimi? — Hut şeýle. — Ine-de düşündiriş — diýip, Rami sözüni dowam etdi. — Telefon diňlenilýärdi. — Diňleýän adam meniň näme hakda gürrüň edendigimi bilmedi — diýip, Marwan oýlanmagyny dowam etdi. — Olar diňe munuň bir çynlakaý we howply zatdygyna düşündiler. Klodett we onuň adamlary howsalandylar. Onsoň operasiýany gizlemegi çözdüler. — Hut şeýle — diýip, Rami aýtdy, diňe bir Remzini däl-de, seni-de aýyrmagy. — Diýmek, özümiň diridigim olara aýan — diýip, Marwan aýtdy. Olaryň Monte-Karlodaky hüjümleri netije bermändi. — Ýagny, olar gorkýarlar — diýip, Rami sözüni dowam etdi. — Olar seni tapyp, öldürýänçäler, asla köşeşmezler. — Diýmek, olar bizi tapmankalar, biz ilki olary tapmaly. — Biz muny nädip ederis? — Birinjiden, San-Paula adam iber — diýip, Marwan doganyna aýtdy. — Klodetti tapyp, onuň gaçmagyna mümkinçilik bermeli däl. Eger biz ony tapsak, ol bizi galanlaryna alyp çykar. — Şeýle — diýip, Rami aýtdy. Munuň bilen meniň özüm meşgullanaryn. — Ikinjiden, Monte-Karloda kimiň derňew alyp barýandygyny bil — diýip, Marwan sözüni dowam etdi. — Onuň bu bilen baglanyşyklymy ýa-da ýokdugyny, oňa bil baglap boljakmy ýa-da ýokdugyny anykla. — Düşündim — diýip, Rami aýtdy. Ýene näme? — Parižde sen kimi tanaýarsyň? — Meniň razwedkada oňat dostum bar — diýip, Rami jogap berdi. — Özüň gitmezden ozal Parižde wekilhanamyzy açmak üçin meni ibereniňde, men onuň bilen tanyş bolupdym. Ol uly wezipä eýe. Ol hemmeleri bilýär. Şeýle-de, ol maňa borçly. — Bolýar. Belki, oňa bir zatlar mälimdir. Emma seresap bolaý, Rami. Biz özümiziň kim bilen iş salyşýandygymyzy entegem bilmeýäris. — Alada etme. Meniň dostum gaty seresap bolar. — Bolýar. Ýagyş güýçli ýagyp başlady, howa hem birden sowady. Emma ol bireýýäm aeroportyň belgisini görýärdi. Ol ýetip barýardy. — Gürrüňimizi gutaralyň — diýip, Marwan aýtdy. — Men ýetip barýaryn. — Bolýar — diýip, Rami jogap berdi. — Seresap bol. Üç günden soň maňa jaň et. — Bolýar — diýip, Marwan tassyklady. — Hawa, Rami… — Näme, Marwan? — Sag bol. — Eýsem, men seniň jigiň dälmi? 11 Marwan aeroportyň maşyn duralgasyna girdi. Sagat göni sekizdi. Ol maşynyny goýara ýer tapdy we maşyny saklady. Onsoň ol el yzlaryny süpürip, yzky oturgyçdan goşlaryny aldy we ylgap gidişine dürli hapa sebetlerine açarlary, sapançany we telefony taşlady. Ol esasy terminalda 8:12-de boldy. Mümkin boldugyndan özüne ünsi çekdirmän, öz ýaşigine tarap gitdi. Ony açyp, galp pasportlary, onlarça kredit kartalaryny (her adyna ikiden) çykardy we ownuk ýewronyň birnäçe petdesini hem aldy. Şeýle-de, ol çalyşmak üçin geýim, gözlerini gara reňkden ýaşyla öwürýän linzalar we uly bolmadyk goştorbasyny aldy. Ol ýaşigiň gapysyny ýapyp, Klodett Remziniň suratyny hapa sebedine atdy we ýakyndaky hajathana girdi. 8:21-de ol «Roýal Er Marok» diýlip ýazylan äpişgä bardy, öz biledini satyn alyp, uçarda oturýan ornunyň talonyny aldy. — Howlugyň, jenap Kardell — diýip, bilet satyjy sary saçly gyz aýtdy. — Uçara münmeklik bireýýäm başlady. Marwan pasport barlagyna tarap howlukdy. Onuň öňünde birnäçe adam bardy. Poliseýler bilen graždan geýimli gulluk işgärleri bireýýäm şu ýerdediler. Aeroport göni manyda olardan hyryn-dykyndy. Marwan nobatdaky ýerini eýeläp, özüni tebigy alyp barmaga synanyşdy, emma ýüregi dürküldäp urýardy. Ol ele salynmak we sorag edilmek barada pikir etmegini bes etmelidir. Köşeşmeli-de, özüni kim diýip görkezjek bolsa, şonuňky ýaly-da bolmaly. Ol pikirlerini Ranide jemlemeklige synanyşdy. Ol onuň elleriniň duýgusyny öz ýüzünde, onuň deminiň ýylylygyny öz döşünde, onuň atyrlarynyň süýji yslaryny ýadyna salmaga synanyşdy. Haçanda gapyny açanynda, Raniýa näme diýer? Marwanyň özi näme diýer? Ol ony içerik goýberermi? Onuň ýanynda kimdir biri barmyka? Ol diňe Raniýa hakynda pikir etmek isledi, emma nobat ýuwaş-ýuwaşdan kemelýärdi we ony başga pikirler eýeleýärdi. Polisiýanyň düzgüni boýunça ol haýsy topara degişli ediler? Ony edil şaýat hökmünde ýa-da iki adamy öldürmeklikde günäkär hökmünde agtararlarmy? Ýa-da üç adamy? Fransiýadaky we Italiýadaky ähli aeroportlar, deňiz portlary, demir ýol menzilleri we myhmanhanalar duýduryş aldymykalar? Ýa-da diňe Monte-Karlo ýakyndakylar? Ýagny, ol gaçyp bildimikä ýa-da onuň daşynda halka çekilýärmikä? Ol aýnada özüne seretdi. Ýylanyň derisinden bolan aýakgabynyň ökjesi onuň boýuny iki dýuýma galdyrýardy. Ýyrtylan jinsi, gara spotr köýnegi, reňki solan «Greýtful Ded» ýazgyly jinsi kurtkasy, gara äýnekleri we goştorbasy sebäpli ol öňki prezidentleriň we premýer-ministrleriň goragçysyna seredeniňde, Ýewropa boýunça syýahat edýän amerikan talybyna gaty meňzeýärdi. Onuň özi özüni zordan tanaýardy. Hut gerek bolany. Fransuz poliseýleriniň sekizisi resminamalary görüp, demir agtaryjy bilen ýükleri baglaýardylar. Oňa edil hemmeler üns berýän ýalydy. Köpden bäri ol hut şeýle hereket etmeli bolmandy. Ol bu gezek hem howpsuzlyk gullugyny aldap bilermikä? Ahyrsoňy onuň nobaty geldi. Ol goştorbasyny we Monte-Karlodaky ýaş är-aýallaryň otagyndan ogurlan goşly sumkasyny barlatmak üçin konweýere atdy. Onsoň ol özüniň galp amerikan pasportyny, biledini we oturylýan talonyny görkezdi. Buldoga meňzeýän baş žandarmyň saçy gysga gyrkylandy we dar geýimlere geýnendi. Onuň ýüzi gaty sowukdy. Ol emaý bilen resminamalary öwrenýärdi. Gaty ünsli. Marwanyň ýüreginiň urşy gaty çaltlandy. Žandarm fransuz dilinde bir zatlar sorady. — A? — diýip, Marwan gulagyndaky nauşniklerini çykaryp sorady we doly düşünmesizligi görkezdi. Žandarm iňlis diline geçdi. — Jenap Kardell, siz nirä ugraýarsyňyz? — Kasablanka, dostum — diýip, Marwan birkemsiz kaliforniýa basymy bilen jogap berdi. Umuman, eger maşynjyk tapyp bilsem, Rabata gitjek. Ol ýalan geplenilýändigini anyklaýan apparat arkaly jogap bermeýändigine şatdy. — Siz ýekemi? — Gynansam-da. — Iş boýunça syýahat edýärsiňizmi ýa-da gyzyklanma üçin? — Diňe gyzyklanma üçin, hiç bolmanda, men şeýle bolar diýip umyt edýärın, — Marwan barlaýanda nähilidir bir ýyly gatnaşygy döredip, özüni çalt goýbermegi üçin güldi. Ol hiç zady döredip bilmedi. Tersine, poliseýiň bakyşy öňküsinden-de ýowuz boldy. — Siziň ýaragyňyz barmy? — Ýok — diýip, bu hakda puşman edeni ýaly edip, Marwan jogap berdi. — Neşe? Bu ýeňil soragdy. Ol ömründe bir gezek hem neşe çekip görmändi. Emma ol oýnaýan rolundan çykmaly däldi. — Şu gün ýok — diýip, ol gülki bilen jogap berdi. Žandarmy bu hem ýylgyrtmady. — Siziň ýanyňyzda on müň ýewrodan kän pul barmy? Marwan çalt hasap etdi. Eger ol ýalňyşmaýan bolsa, diňe iki müň bolmaly. Ol ýene-de güldi. — Degişýäňmi? Žandarm gaşlaryny galdyrdy. — Bu ýere gelmegim üçin men özümiň «Harleýimi» satmaly boldum — diýip, Marwan düşündirdi. — Baryny bireýýäm ýokladym diýen ýaly. Fransiýada bar zadyň beýle gymmatdygy hakynda meniň düşünjäm hem ýokdy. — Rabatda siz nirede saklanjaksyňyz? Marwan özüne ynamsyzlygy duýdy. Ol Fransiýadan çykanynda özüne şeýle soragyň berlendigini ýadyna salyp bilmeýärdi. Ony tanadymykalar? Näme üçin ýöne ele almaýarlar? Damagy gurap başlady. — Tanyş gyzymyňkyda — diýip, ahyrsoňy ol jogap berdi. Bu ýene-de ýalandy. Ol Raniýa bilen azyndan ýarym ýyl bäri görüşmändi. Özüni öýüne goýberjekmi ýa-da ýokdugy hakynda Marwaniň düşünjesi-de ýok. Onuň ýaşaýan ýerini asla tapjakdygyna-da ol ynamly däldi. Emma ol bütinleý tapdan düşen. Egnindäki ýarasy iriňläp başlapdy. Onuň myhmanhanada öňünden kireýine alan otagy ýokdy, Marokkoda dostlary-da ýokdy we häzir ol şol ýere uçmagyň başga, has ynandyryjy sebäbini tapyp bilmeýärdi. — Diýmek, neşe ýok? — diýip, ýene-de žandarm sorady. — Eý, men belki-de tentekdirin, emma beýle ýagdaýda däl ahyryn. — Men siziň sumkaňyza seredip bilerinmi? — diýip, ol şübhelenmegini dowam etdirip sorady. Marwan rugsat berdi we şol pursat özüniň Monte-Karloda alan sumkasyny içini howlukmaçlyk sebäpli barlamandygyny ýadyna saldy. Ol munuň kimiň — aýalyňmy ýa-da erkegiň sumkasydygyndan habary ýokdy. Bu hakda ol sekiz sany ýaragly adamlaryň ýanynda bilmeli bolar. Žandarm goştorbadan başlady. Ýene bir jinsi. Ýuwulmaga mätäç bolan ki sany sport köýnekçesi. Kir içki geýimler. Emma arassalary hem bar. Pleýer üçin batareýalar. Grişamyň ýumşak daşly könelen «Firma» atly kitaby. Iýlip başlanan «M&Ms» gaby. Sakgal syrmak üçin stanok. Köne diş çotgasy. Ýarysy ulanylan «Crest» diş pastasynyň gaby. Atyr. Tylla ýüzükli mahmal gutujygy. Marwan ony göreninde, ol ýene-de ýatlamalara batdy. Ol bu ýüzük hakynda ýadyndan çykarypdy. Ol bu hakda bireýýäm ençeme aýlap ýatlamandy. Ol ony Raniýa sowgat edipdi. Ol hem ony yzyna beripdi. Duýgulary daşa çykmaga dyrjaşýardy we birden — duýdansyzlykda — Marwan žandarmyň gözlerinde ýylylygyň şöhlejigini gördi. — Öýlenmek isleýärsiňizmi? — diýip, ol Marwandan sorady. — Eger ol islese — diýip, Marwan özüne erk etjek bolup aýty. — Eýsem men näme üçin «Harleýimi» satandyryn? Žandarm çalaja ýylgyryp, kellesini çaýkady. Ol goşlary goştorba salyp, sumkany görmäge başlady. Marwan demini saklap durdy. Onuň dat gününe, sumka aýal geýimlerinden we kosmetikadan doludy. Köýnekler, suwa düşünýän geýimler, gaty dar jinsiler. Beýik we pes ökjeli köwüşler. Göz öňüne getirmäge ýer goýmaýan içki geýimler. Bary gymmatbaha we täzedi (käbir goşlarda hatda bahasy hem durdy). Bularyň bary düşündiriş soraýardy, emma ony Marwan Akkad (şu wagt ol Jek Kardell) teklip edip bilmeýärdi. Özüniň geň galmasy žandarmyň ýüzünde peýda bolmadymyka diýip, Marwan oýlandy. — Belki-de, size Žak däl-de, Žaklik Kardell diýmek dogry bolar? — diýip, žandarm ondan sorap güldi. Bireýýäm amerikanla üns beren žandarmyň ýoldaşlary hem güldüler. — Bagyşlaň — diýip, ahyrsoňy žandarm sözledi. — Meniň düşünişim boýunça, bularyň bary — bal aýy üçindir. Marwany haýran galdyryp, ol oňa söz atdy. Marwan özüniň tolgunýandygyny görkezmejek bolup, jogap edip gözüni gypdy. — Kelläň işleýär, oglan. 12 «Gaňňyl» geldi. Goddar bilen Dýuwall Lemýä şeýle lakam dakypdylar. Olaryň aýdyşlary ýaly — «Diňe süňk, ýüregi ýok». Ine, ol hut şu wagt şu ýerde bolaýmaly. Dikuçaryň meýdança düşeni badyna Goddar balkona çykdy, ondan uzyn we hor bir adam çykyp, özi üçin iberilen, hiç bir aýratyn belgisiz maşyna mündi. Kän uzaga gitmeli däldi, meýdança käwagtlar Remziniň maşgalasy (şeýle-de, Monakonyň şazadasynyň gyzlarynyň biri) üçin öý bolan kaşaň kän otagly jaý — «Sowereýn Pleýsden» ýüz metr aralykdan hem ýakyndy. Goddaryň anyklaýşyna görä, Remziniň ýene dört jaýy bardy. Biri — Rafigiň ösen ýeri bolan Ortaýer deňziniň günorta kenaryndaky Aleksandriýada. Beýlekisi — «Blýu Naýl Holdingz» kompaniýasynyň esasy iş ýeriniň golaýyndaky, Kairiň welaýatyndaky Maadidäki kaşaň şäher jaýy. Üçünjisi — Şweýsariýanyň Dawosyndaky gymmatbaha jaýy. Muny Rafik köplenç kireýne berýärdi, çünki ol saglygy üçin zyýansyz lyžaly gezeri ýaly ýaşdan bireýýäm geçipdi. Ahyrynda, Klodett üçin gadyrly bolan Parižiň golaýyndaky meýdany kyrk akra barabar bolan jaý. Bu ýerde olar wagtlarynyň köp bölegini geçirerdiler. Monte-Karloda jaý satyn almak Klodettiň islegidi. Bu hakda Goddar şol heläkçilik gijesinde öýünde bolan olaryň hususy aşpezinden bilipdi. Ol Klodettiň ýokary gatlak adamlaryň jemgyýetinde gezendigi we özüniň baý dostlaryny kabul edip, olara ähli baýlyklaryny görkezip bileri ýaly ýeri edinmegi isländigi hakynda gürrüň beripdi. Telefon jyňňyrdap başlady. Goddar trubkany eline aldy. Onsoň yglan etdi: — Gelýär — diýip, buýruk beriji ses bilen hemmeleriň çykmalydyklaryny bildirdi. Iki gezek gaýtalamagyň geregi ýokdy. Hiç kimiň hem Skelet bilen duşuşmaga islegi ýokdy. Her kim hem onuň bilen işläp görüpdi. Şonuň üçinem hemmeler: surata düşürýänler, barmaklaryň yzlaryny alyjylar, ölçeýänler, ok galyndylaryny ýygnaýanlar işlerini gutaryp, öz abzallaryny ýygnap, mümkin boldugyndan çalt we ýuwaşlyk bilen jaýy taşlap gitdiler. Jesetler aýrylypdy we hemmeler dürli ownuk işler bilen meşguldylar. Eger olar gerek bolsalar, onda dolanyp gelerler. Şu wagt bolsa indi gidip bolýandygyna hemmeler şatdylar, Dýuwall hem olaryň hatarynda. Birnäçe minutdan soň galdyrgyjyň gapysy açyldy we Lemýe çykdy. — Salam, inspektor — diýip, Goddar garşy aldy. Lemýe jogap edip, başyny yrmady. Hiç zat diýmedi. Ýylgyrmady. Ol hatda Goddaryň uzadylan elini-de gysmady. Ol dessine myhmanhana otagynda öňe-yza ädimlemäge başlady, haýallyk bilen we bir kadalylykda, käwagtlar eglip, gan tegmillerini we hek bilen edilen bellikleri öwrenýärdi. Aýratynam ony oklaryň nähili gelendigini görkezýän burçlar gyzyklandyrýardy. — Haçan gutaranyňyzda, men size öldürijiniň ulanan garşydaky otagyny görkezerin — diýip, Goddar teklip etdi. — Meniň adamlarym tüpeň bilen didiwan tapdylar. Lemýe sesini çykarmady. Ol peşeňleri sanady. Onsoň ol oklaryň atylyp bilnen garşydaky jaýdan gözüni aýyrman, diwardaky, kitap tekjelerindäki, stoldaky, stullardaky we diwandaky ok yzlaryna geçdi. — Gynansak-da, peşeňlerde el yzlary ýok — diýip, Goddar sözüni dowam etdi. Lemýe bu gezek hem hiç zat diýmedi. Ümsümlik gulagyňy gapdyryjydy. Goddar oňa syn edýärdi. Lemýe gaty uzyn we elhenç hordy. Ol gara london ýapynjasyny geýnendi we ol edil köpün kimin onuň süňkli eginlerinde asylyp durdy. Onuň ýüzi tutukdy. Ol 62 ýaşyndady we Goddaryň kakasynyň ýaşyna barabardy. Edil onuňky ýaly keldi, ýöne gulaklarynyň üstünde iki çogdam saç somalyp durdy, gopbamsy ýiti burnunyň aşagynda — kelteje agaran murtlar. Emma Goddary onuň kiçijik, goýy gara gözleri has gaharlandyrýardy. Güýçli akyl ýetirişi we meşhur fotografik ýady görkezip, ol gözler nähilidir bir ýylylyga ýa-da rehimdarlyga hatda yşaraty hem aýan etmedi — ne gurbanlara we onuň maşgalalaryna, ne-de öldürenleri tapyp, olary jogapkärçilige çekmek üçin elinden gelenini edenleriň hiç birine. Şeýle duýgusyz adamyň bütin Ýewropada beýik abraýa eýe bolmagy neneň mümkin zat bolup bilýärkä? — diýip, Goddar öz-özüne sorag berdi. Hawa, onuň açan işlerini bütin dünýäniň kriminalistleri öwrenmeklerini dowam etdirýärler. Beýleki taşlanan we haýallyk bilen kesilen işler näme? Näme üçin «beýik» Marsel Lemýe hakynda gürrüň gideninde, onuň bu işleri ünssüz galdyrylýar? — Jenaýat bolan ýeriniň duýgusyny we hatda onuň ysyny neneň halaýandygymy size beýan edip hem bilmeýärin — diýip, ahyrsoňy Lemýe otagyň içinde gezmelemegini dowam etdirip aýtdy. — Bu edil Mone ýa-da Mane ýaly ussadyň çeken ajaýyp suraty ýaly. Bu puantelizm, jenap Goddar. Ýakyndan hiç bir ownuk zat, hiç bir reňkli çyzyk hem mana eýe däl ýaly. Emma, ine, siz yza bir ädim ätleýärsiňiz, gözleriňizi ýumýarsyňyz we bütin surata syn edip bileriňiz ýaly saklanýarsyňyz we ownuk zatlar size taryhy — aýdyň, gödek, özüneçekiji taryhy gürrüň berip başlaýarlar. Beýik detektiwler hut şeýle hereket edýärdiler. Gözlerini ýumup we janlaryny rahatlap, olar taryhyň yzy bilen gidýärdiler. Goddar jogap bermedi. Bu adamda onuň üçin bar zat ýakymsyzlygy döredýärdi. Indi ol sanawa ulumsylyk bilen özüňi uly görkezmeklik keselini goşup bilerdi. Indi Skelet bütin jaýyň içinde parižli gorag edarasy tarapyndan ýarym ýyl mundan ozal gurnalan mini-kameralaryň birini öwrenýärdi. — Ähli kameralaryň ýazgylary taýýar edilen — diýip, Goddar sowalyň öňünden jogap berdi. — Ýazgylar sanly, olarda wagt hem görkezilen. Olarda ähli zatlar bar. Remziniň Marwan bilen gürleşişi. Nädip Remzini atandyklary. Nädip goragçylary öldürendikleri. Nädip Marwanyň olaryň ýaragyny alşy. Bu ýerde hemme zat bar. Ýogsa-da, men bireýýäm ballistik hasaby aldym. «Meridýen» myhmanhanasyndaky azyndan iki jesetde, olaryň sapançalarynyň birinden atylan ok tapyldy. Marwanyň atandygy şübhesiz. Lemýe saklanyp, gözlerini galdyrdy. Birden aýan edilen gyzyklanma haýran galyp, Goddar sözüni dowam etdi: — Kynçylyk kameralaryň näme bolandygyny görkezip, näme üçin munuň bolandygyny aýtmaýandygyndadyr. Ses ýok. Ömrüniň soňky minutlarynda jenap Remziniň näme diýendigini diňe Marwan Akkad bilýär. Bireýýäm telefon boýunça aýdyşym ýaly, onuň bu elhenç jenaýata yşyk düşürip biljekdigine siziň hem özümiňki ýaly ynamlydygyňyza umyt edýärin. — Siz ony bireýýäm tapdyňyzmy, jenap Goddar? — diýip, Lemýe jogaby gaty oňat bilip sorady. — Entek ýok, emma bizde yz bar. — diýip, Goddar boýun aldy. — Anyk näme? — Adam daşamak boýunça meşgullanýan kompaniýalaryň biri maşynyň ýitendigi hakynda habar berdi. Taksiniň sürüjisi soňky gezek «Meridýeniň» ýanynda bolupdyr. Ony tapyp bilmeýärler we ol jaňlara jogap bermeýär. Myhmanhananyň iş dolandyryjysy onuň günbatar tarapa gidendigini görendigini tassyklaýar. — Fransiýa tarapamy? — diýip, Lemýe anyklady. — Şeýle bolsa gerek — diýip, Goddar jogap berdi. Maşyny ýazga alyp-almandygyny görmek üçin häzir meniň adamlarym köçedäki kameralary barlaýarlar. Gurply şäher-döwletiň özüne rugsat edip bilýän beýik tehnologiýalaryň artykmaçlarynyň biri. Monte-Karloda köçä syn edýän kameralar hemme ýerlerde gurnalan. Seni surata düşürmezleri ýaly hereket edip bolmaýar. Jenaýatyň öňüni almak hemişe başartmaýar, emma ony täzeden dikeldip, günäkäri tapmak köplenç başardýar. — Haçan myhmanhananyň iş dolandyryjysy gidýän taksini görüpdir? — Iki sagat mundan ozal diýen ýaly — diýip, Goddar jogap berdi. — Marwany şondan soň şäherde görmedilermi? — Ýok. — Ony Nisseniň aeroportynda hem görmedilermi? — Ýok. — Kannada hem? — Ýok. — Ýerede hem? Otagda aýlanyp ýörşüne, Lemýe birden saklandy. — Ol Marsele gidýär — diýip, ol aýtdy. Meni aeroportyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy bilen çalt birleşdiriň! 13 «Roýal Er Marok» kompaniýasynyň 256-njy reýsiniň uçary ýagyşly tümlüge girip barýardy. Onuň içinde 140 ýolagçy bardy, olaryň biri hem Marwan Akkad, ýa-da Jek Kardelldi. Uçar günorta tarap öwrülip, 7 500 metr ýokarlykda we sagatda 800 kilometr tizlik bilen Ortaýer deňziniň üstünden uçup gitdi. Sowadyjy içgiler berdiler, uçarman salonyň yşyklaryny öçürdi we ýolagçylaryň köpüsi irkilmäge başladylar. Marwan uklap bilmedi. Ýarasy çydamsyz derejede agyrýardy. Ol dere batypdy, titräp, ýüregi bulanýardy. Ol ýolçudan agyryny aýyrýan derman sorap, olary koka-kola bilen içdi. Onsoň ol elleri bilen ýüzüni ýuwmak üçin hajathana gitdi. Ol gapyny ýapyp, aýnada özüne seretdi. Onuň bolşy özüni duýşuna laýyk gelýärdi: ýüzi agaran, gözleri agyrydan gyzaran. Kurtkasyny çykaryp, ol köýneginiň gan sebäpli ezilendigini gördi. Aeroportda geýimlerini çalşanynda, ýarasyna goýan kagyz el ýaglyklaryndan gan ötüpdir. Marwan kurtkasyny ildirgije ildirdi, ellerini sabyn bilen ýyly suwda ýuwdy we ýarasyndan aýyrmak üçin egnine ýelmeşen kagyz el ýaglyklaryny seresaplyk bilen ölledi. Bu gaty agyryly işdi we ol özüniň hasaplanyndan kän wagty sarp etdi. Gapyny ýolçy aýal kakdy. — Ser, siziň ýagdaýyňyz oňatmy? — diýip, ol ýüzlendi. — Hawa, sag boluň — diýip, Marwan jogap berdi. — Anykmy? — diýip, aýal gaýtadan sorady. — Hawa, bary oňat — diýip, Marwan ýene jogap berdi. — Men bireýýäm çykýaryn. — Biz tizden gonarys, ser. Öz ýeriňize dolanyp baryp, kemeriňizi ildirmelisiňiz. — Hawa, hawa. Häzir dolanaryn. Özüne ünsi çekmeklik Marwan üçin asla gerek däldi. Özüni gaty erbet duýýandygyna seretmezden, howlugyp we agyrydan ýüzüni çytyp, ýarasyny ýuwdy we oňa arassa öl el ýaglyklaryny goýdy. Onsoň ol ýene-de ýüzüni ýuwup, oňatja süpürdi, rakowina bilen stoljygy süpürip, ulanylan kagyz el ýaglyklaryny hapa sebedine atdy. Kurtkasyny geýip, ol gan yzlarynyň hiç ýerinde galmandygyna ynamly bolmak maksady bilen ýene bir gezek aýna seretdi we hajathanadan çykdy. — Siziň ýagdaýyňyz dogrudanam oňatmy? — diýip, ondan ýolçy aýal sorady. — Biraz ýüregim bulandy — diýip, Marwan beren bu jogabynyň ýeterlidigine we ýolçy aýalyň özüni indi birahat etmejekdigine umyt etdi. — Siz dogrudanam erbet görünýärsiňiz — diýip, ýolçy aýal aýtdy. — Biz ýere gonanymyzdan soň lukmanyň özüňize seretmegini isleýärsiňizmi? — Munuň geregi ýok — diýip, Marwan jogap berdi we ol ýene dere batdy. — Meniň gyzym maňa sereder. Siz gaty mähirli, minnetdar. Ýolçy aýal ony gaýdyp birahat etmedi. Emma haçanda Marwan ýene-de öz ýerinde oturanynda, uçar bolsa Kasablanka ýakynlaşanynda, ol ýene-de birahatlygy duýdy. Hawa, Marselden we Ýewropadan çykmak oňa başartdy. Emma ol özüne ünsi çekdi. Bu aýal onuň ýüzüni, gözlerini we özüni alyp barşyny ýadynda saklady. Özi hakda bu aýaldan soraýançalar näçe wagt geçerkä? Onuň yzyna azyndan üç ýurduň polisiýasy düşüpdi, Klodett Remzi bilen onuň kellekeserleri hakynda bolsa gürrüň etmegiň hem geregi ýok. Olar oňa näçe ýakynlaşdykalar? Ol aeroportda yzlar galdyrandygyny bilýärdi. Olary tapyp, olar onuň Marokko tarapa ugrandygyny bilerler. Eger ol iki günden soň diri galsa, onda onuň eli geldi diýip hasaplap bolar. Ahyrsoňy uçar gondy. Marwan pasport barlagyndan aňsat geçdi, kireýne maşyn alyp, şähere gitdi. Goýy noýabr ýagyşy ýagyp durdy. Maşynyň salony hiç gyzmaýardy, süpürgiçler bolsa öz işlerini ýerine ýetirip ýetişmeýärdiler we ýoldaky belgilere düşünmeklik Marwan üçin gaty kyndy. Ol Kasablankada bary-ýogy birnäçe gezek bolupdy we onda-da dabaraly ýörişiň düzüminde. Galyberse-de, onuň gyzgyny galýardy. Ol ysgynsyzlygy duýýardy we özüniň nirededigini zordan kesgitläp bilýärdi. Iki gezek ol tas uklapdy we zordan öz ýoluna dolanyp bilipdi. Ol öz ýagdaýyna düşünýärdi, emma hiç zat edip bilmeýärdi: ýoluny dowam etdirmelidi. Ol kän gan ýitirdi. Ýarasy çişipdi. Ol köpden bäri uklamandy we iýmändi, şok ýagdaýyna gaty ýakyndy. Ol barmaly ýerine baryp ýeteninde, bireýýäm gijäň ýary bolupdy. Barmaly ýeriniň salgysyny bolsa bir kagyzjyga ýazyp alyp, gapjygynda saklaýardy. Uly Metjidiň ýanyndaky beýik çal reňkli beton bina Marokkodaky beýleki kän otagly jaýlara meňzeýärdi. Emma onuň bir tapawutly häsiýeti bardy: onuň ýedinji gatynda özüniň üçünji klasdan başlap söýen gyzy ýaşaýardy. Bina uka batypdy. Edil portýe ýaly. Marwan bu gapy sakçysynyň gapdalyndan sessiz geçip, galdyrgyjyň sesiniň gojany turuzmazy ýaly, ol pyýada ýokary galmaga başlady. Ýedinji gata galyp, Marwan zordan demini alýardy. Agyry öňküsinden hem beter agyrýardy. Koridor çalaja yşyklandyrylandy we ol bar zady edil ümürde bolşy ýaly görýärdi. Damagy bütinleý gurapdy. «701» bolsa gerek? Ol gerekli gapynyň alnynda durdy. Ýüregi gorkudan we ynamsyzlykdan urýardy. Ol özüne garaşýan hakda pikir hem edip bilmeýärdi we özüniň gaty erbet görünýändigini bilýärdi. Emma başga näme çykalgasy bardy? Ol daş-töweregine göz aýlady: koridorda hiç kim ýokdy. Ýuwaşlykdy, diňe koridoryň o çetinde telewizoryň çalaja sesi eşidilýärdi. Ol gapyny kakdy. Jogap bolmady. Ol ýene kakdy. Ýene-de hiç zat. Ol howsala düşdi. Öýde hiç kim ýok. Şeýle wagt onuň nirede bolmagy mümkin? Salgyny ýalňyşyp gelmedimikä? Kellesi aýlanyp gitdi. Ol sowugy we yngynsyzlygy duýdy. Myhmanhana gözläp, daňdan ýene bir gezek gelip görmelimikä? Haýsy myhmanhanany? Ol öňünden otag buýurmandy. Ol hatda myhmanhananyň nirededigini hem bilmeýär. Ol jaň edip bilmeýär, çünki onda telefon hem ýok. Gözüniň alnynda bary gaýym boldy. Aýaklary edil pagta ýaly boldy. Ol zynjyryň we gapynyň gulpunyň açylýandygynyň sesini eşitdi. Gapy açyldy. Yşygyň zolagy onuň ýüzüne düşdi we ol ýüzüni çytyp, gapdala öwrüldi. Perişdäniň sesini ýatladýan ses ondan sorady: — Marwan, bu senmi? Gözleri garalyp gitdi we ol huşuny ýitirdi. — II — 14 Klodett Remzi sowadyjy pina-kolada içip we San-Paulanyň köz ýaly bolan gününiň şöhlelerini siňdirip, dagdaky ullakan willasynyň howdanynyň ýanyndaky şezlongda ýatyrdy. Ol özüni edil ýaňyja azatlyga eýe bolmakdan keýplenýän aýal ýaly alyp barýardy, ýerli-hyzmatkär onuň eginlerine we arkasyna kokos ýagyny çalýardy, emma ol soňky operasiýa hakyndaky habarlara garaşyp, özüni arkaýyn duýup bilmeýärdi. Indi ol bu çydardan beter bolan bu hökümdar — arkasyndan aýdyşy ýaly, «faraon» bilen durmuşy paýlaşmaly bolmaz. Ol bireýýäm diri däl. Onuň goragçysy näme? Ony hem ýok etdilermi? Eger hawa bolsa, onda ýene kim galýarka? Ol ýene kime gürrüň berdikä? Sputnik telefony jyňňyrdady. Klodett oturdy-da, hyzmatkäri iberdi. Diňe özüniň ýeke galandygyna ynamly bolanyndan soň ol özüniň açylyp ýapylýan el telefonyny açyp, sorady: — Bu aragatnaşyk ýoly bütinleý howpsuzmy? — Elbetde — diýip, jaň edýän jogap berdi. Siz meni tentek hasaplaýarsyňyzmy? — Men özüme töwekgellik etmäge rugsat berip bilmerin. Siz näçe kän zadyň orta atylandygyna düşünýärsiňiz. — Ýeke siz töwekgellik edýän dälsiziň. — Diýmek, bary ýerine ýetirilen, şeýle dälmi? — Bary däl. — Bu näme diýdigiňiz? — diýip, Klodett jogap talap etdi. — Siziň äriňiz bilen sorag çözülen. Emma Marwan Akkad gaçdy. — Nädip gaçdy? Men üç jeset üçin töledim. — Ol — hünärmen. — Men bolsa siz — iň oňat hünärmen diýip hasaplapdym. — Biz ony taparys — diýip, ses ynandyrdy. — Ony ýok ederis. Emma munuň üçin kän wagt we kän pul gerek bolar. — Bolup bilmez — diýip, Klodett dişini gyjadyp aýtdy. Ýekeje sent hem artyk tölenilmez. Siz ikisini-de ýok etjekdigiňizi aýdypdyňyz. Men töläpdim. Galanlary — siziň problemaňyz. — Siz käbir zatlary ýadyňyzdan çykarýarsyňyz, hanym Remzi. — Maňa beýle diýmäň! — diýip, ol talap etdi. — Bu ady özümiň ýigrenýändigimi siz bilýärsiňiz. — Şonda-da — diýip, ses dowam etdi, siziň nirededigiňiz we näme edendigiňiz maňa mälim we galan ömrüňizi türmede geçirmegiňiz üçin mende ýeterli delilnamalar bardyr. — Delilnamalar siziň hem garşyňyza şaýatlyk edýändir — diýip, Klodett gaharly jogap berdi. — Dogrudanammy? Onda näme, seredeliň. Klodett gazap bilen howdanyň ýanyndaky meýdançany ädimleri bilen ölçeýärdi. — Siz maňa haýbat atmaga töwekgelçilik edýärsiňizmi? Maňa, ýagny… — Sesiňizi çekiň! — diýip, ses ony saklady. — Operasiýanyň ortasynda öz borçnamalaryndan boýun towlamaga synanyşýan müşderileriň birinjisidirin diýip pikir edýärsiňizmi? Şeýle adamlar bilen iş salyşmak üçin bizde usullar bar we men olary siziň öz üstüňizde barlap görmegiňizi maslahat bermeýärin. — Men boýun towlamaýaryn! — diýip, Klodett jogap berdi. — Emma men özümiziň şertlenişen bahamyzdan artyk tölemek islemeýärin. — Siz gerek boldugyça tölärsiňiz ýa-da öz janyňyz bilen tölärsiňiz? Siz maňa düşündiňizmi? Klodett duran ýerinde doňup galdy. Ol öz wadasyny ýerine ýetirmäge ukyply. Klodett ölmek islemeýär. Ol ýöne azat we baý bolmak isleýär we muňa onuň doly haky bardyr. Brigitta elhenç ölüm bilen öldi, ol muňa garaşmandy we munuň üçin tölemändi. Klodett öz jany üçin gorkupdy. — Bolýar — diýip, ol uludan demini aldy. — Işi gutarmagyňyz üçin ýene näçe pul gerek? 15 Raniýa Fawaz agzyndan çykyp gitjek bolýan gykylyk sesini saklap galdy. Ol howsala düşdi. Ol öz gözlerine ynanmaýardy. Marwan Akkad bilen olar azyndan ýarym ýyl görüşmändiler. Raniýa Marwansyz täze durmuşa başlamak maksady bilen Parižden gidip, Kasablankada iş tapypdy. Marwan nädip ony tapdy? Näme üçin ol bu ýerde? Onuň bilen näme dolduka? Bir eli bilen ýektaýyny tutup, Raniýa Marwanyň pulsuny we maňlaýyny tutup gördi. Ol huşuny ýitiren, emma diri we onuň gyzgyny gaty ýokary. Köýneginde gan tegmilini görüp, Raniýa seresaplyk bilen kurtkany aýyrdy we elhenç ýarany gördi. — Leýla! — diýip, ol goňşularyny oýarmajak bolup, çala sesi bilen çagyrdy. — Leýla, çalt bäri gel? Özüni ir oýarandyklary sebäpli tukat bolan otagdaky goňşusy islegsiz ýerinden turdy we büdräp, myhmanhana otagyna geldi. Gapylarynyň alnynda iki bükülip ýatan bir erkegi gördi. — Bu kim? — diýip, Leýla sorady. — Marwan Akkad — diýip, Raniýa jogap berdi we seresaplyk bilen Marwany arkasyna öwürdi. Leýla agzyny açyp galdy. — Marwan? Emma men pikir edipdim… näme üçin ol bu ýerde? — Ýeke Hudaý bilýär — diýip, Raniýa jogap berdi. — Seret, ol ýaralanan. — Ýaralanan? Leýla gorkudan ýaňa aljyraňňylyga düşüpdi. — Ony içeri girizmäge maňa kömek et — diýip, Raniýa jorasyna ýüzlendi. — Sen näme, däli bolduňmy? — diýip, Leýla ondan sorady. Biz polisiýa habar bermelidiris. — Ýok — diýip jogap berip, Raniýa çalt we çözgütli ädimläp gitdi. — Näme üçin? — diýip, Leýla ondan sorady. — Men soň düşündirerin. — Ýok, şu wagt — diýip, Leýla talap etdi. — Ýuwaş! — diýip, Raniýa pyşyrdy bilen aýtdy. — Men aýdyp bilmerin — diýip, Raniýa aýtdy. — Bu ýerde däl. Koridorda däl. — Ony öz jaýyma girizmäge men saňa kömek etjek däl. — Biziň jaýymyza — diýip, Raniýa ony düzetdi. — Eger ýadyňda bolsa, ýarysyny men töleýärin. — Emma şertnama meniň adyma düzülen — diýip, Leýla jogap berdi — we men özümiň bu jaýdan kowulmagymy, mundan beteri-de, Fransiýadan gaçan adamyňa kömek edenim üçin türmä atylmagymy islemeýärin. Raniýa göneldi we jorasynyň gözlerine göni seretdi. Olaryň ikileri-de şepagat uýalarydylar we bir keselhananyň bir bölüminde bile işleýärdiler. Raniýa ikilerinden biriniň Marwana gerek bolan kömegi edip biljekdiklerine ynamly däldi, emma synanyşyp görmelidi. — Öl öler, Leýla. Biz ony beýle taşlap bilmeris. Leýla ylalaşmaýardy. — Dogry. Biz polisiýa çagyryp bileris we ol bu hakda alada eder. Ol telefon boýunça jaň etmek niýeti bilen arkasyna öwrüldi, emma Raniýa onuň elinden berk tutdy. — Dost hökmünde senden haýyş edýärin — diýip, Raniýa dişini gyjadyp aýtdy. — Meni goýber. — Sen maňa kömek edersiňmi? — diýip, Raniýa jorasy Leýlanyň gözlerine seredip sorady. — Meni goýber diýdim — diýip, Leýla talap etdi. — Bolýar, maňa kömek etme — diýip, Raniýa aýtdy, — emma ertir men geçen hepde seniň syrkaw bolmandygyň hakynda doktor Ramize aýdaryn. Leýla gözlerini kiçeltdi. — Sen beýle edip bilmersiň. — Näme üçin? — diýip, Raniýa sorady. — Men seniň arkaňy tutdum. Seni joram hasaplandygym üçin men seniň sowuklandygyňy aýtdym. Nähili pikir edýärsiň, haçan ol seniň bütin hepdeläp Tenerifde bolup, özüňiň ispan dostuň bilen suwda gezmeklik bilen meşgullanandygyňy bileninde, ol näme diýer? — Ol seni hem işden boşadar, aldanyň üçin — diýip, Leýla jogap berdi. — Mümkin — diýip, Raniýa jorasynyň elinden tutup durşuna aýtdy. — Haçanda kakaňa Raul hakynda gürrüň berenimde, kakaň näme eder? Onuň gadagan edenine seretmezden, gizlinlikde duşuşmagyňyzy dowam etdirýändigiňizi ol bilýärmi? Myhmanhanalarda bir otagda bolýandygyňyzy? Leýla Raniýadan elini çekip alyp, ondan yza çekildi. — Bolýar, men saňa kömek ederin — diýip, ol aýtdy. — Emma Raul hakynda sesiňi çykarma. Eger kakam biläýse… Birden garşydaky jaýda yşygyň ýakylandygynyň sesi eşdilip, gapynyň aşagynda yşygyň çyzygy peýda boldy. Hanym Badawiniň jaýynda nähilidir bir hereket başlandy. Ol goňşularyň iň seslisi we iň gybatçysydy. Eger ol Marwany görse, hökman polisiýa habar berer we tizden bolan waka hakynda hemmeler bilerler. — Çalt — diýip, Raniýa pyşyrdady. Şeýdip, Leýla bilen ikisi — ikileri-de ýeterli derejede gaty naşyja gyzlardylar — Marwanyň eli bilen aýaklaryndan tutup, ony jaýa girizdiler we gapyny ýapdylar. Biraz demlerini dürsäp, olar ony myhmanhana otagyndaky diwanda ýatyrdylar we ýorgan bilen üstüni ýapdylar. Raniýa özüniň medisina gutusyny getirdi, Leýla bolsa — arassa el ýaglyklaryny. Onsoň Raniýa ýorgany aýryp, Marwanyň kurtkasyny çykardy we köýnegini ýyrtdy. Ikileri-de ýüzlerini çytdylar. — Ýara bireýýäm iriňleşen — diýip, Leýla aýtdy. Gyzgyny ölçäp, Raniýa başyny ýaýkady. — Gyzgyny 40. Öz duýgularynyň daşa çykmagyna ýol bermän, Raniýa etmeli işde ünsüni jemlemäge synanyşdy. Ol kiçijik arassa skalpeli we hasa alyp, ýarany arassalap başlady. Onsoň ol ony antiseptik bilen ýuwdy. Gaty agyryly bolan bolsa gerek, emma Marwan titremedi we ýerinden hem gozganmady. — Raniýa, biz ony lukmana görkezmelidiris — diýip, Leýla Raniýanyň öz aýtmagyna görä özüniň söýmeýän adamyna titreme bilen kömek etmäge çalyşýandygyny görüp aýtdy. — Eger biz şeýle etmesek, ol öler we biz jogap bermeli bolarys. — Ony lukmana görkezip bolmaýar — diýip, Raniýa jogap berdi. — Näme üçin? — diýip, Leýla sorady. — Eger mümkin bolsa, onda onuň özüniň keselhana ýa-da polisiýa baryp biljekdigi hakynda oýlamadyňmy? — diýip, Raniýa gözýaşlaryny süpürip aýtdy. — Ol betbagtçylyga düşüpdir. Bolmasa ol şu ýere, meniň ýanyma gelermidi? Diňe şu sebäbe görä. — Seniň pikriňçe, ony agtaryp ýörlermi? — Bilmeýärin. — Emma nädip ol seni tapdy? — diýip, Leýla sorady. — Men pikir edipdim… — Bilmeýärin. — Raniýa pikire batdy. — Ol hemişe-de gaty oýlap tapyjydy. — Eger muny edenler hem şunuň ýaly «oýlap tapyjy» bolsalar näme? — diýip, Leýla sorady. — Eger ony öldürmek üçin olar şu ýere gelseler näme? Sen, näme, düşünmeýärsiňmi? Olar bizi hem öldürerler. Raniýa aglamaga taýyndy. Leýla mamla. Marwan ölüp barýar we oňa kömek etmekleri bilen olar öz durmuşlaryny howp astyna salýarlar. Birwagtlar özleriniň nähilidir bir sebäp boýunça aýrylyşandyklaryna seretmezden, Raniýa şu wagt hiç zat etmän bilmez. Ol ýatylýan otaga ylgap gitdi. — Sen nirä? — diýip, Leýla sorady. Raniýa özüniň iş ýektaýyny geýdi. Şahadatnamasy bilen gapjygyny alyp, gapa tarap ylgady. — Sen nirä? — diýip, Leýla ondan jogap talap etdi. — Keselhana. — Sen däli bolduň! — Maňa bir zatlar gerek. — Sen näme hakda? Saňa näme gerek? — Antibiotikler, plazma, agyryny aýyrýan dermanlar. — Bireýýäm gijäň ýary! — Men bilýärin. Men ýigrimi minutdan dolanyp gelerin. — Onda ýigrimi minudy bolman hem biler. — Men howluýaryn. — Keselhanadan bir zatlar almaga seniň hakyň ýok — diýip, Leýla aýtdy. Raniýa şkafdan öz paltosyny alyp, ony geýdi. — Meniň başga saýlawym ýok. — Eger seni tutsalar näme? — Men seresap bolaryn. — Bu gaty howply. — Sen näme teklip edýärsiň? — diýip, Raniýa ondan sorady. — Men Raula jaň ederin — diýip, Leýla aýtdy. — Şu hepde ol gijeki nobatda işlerýär. — Ýok — diýip, Raniýa jogap berdi. — Marwan hakda başga hiç kim hem bilmeli däl. — Ol hiç kime-de aýtmaz. — Sag bol, Leýla, men saňa gaty minnetdar. Emma muny meniň özüm etmelidirin. — Näme üçin? — diýip, Leýla sorady. — Sen onuň üçin öz işiňden, durmuşyndan, megerem, özüňde bar bolan zatlardan geçmäge taýynmyň? Marwan Akkad üçinmi? Sen ony mundan beýläk görmek islemeýändigiňi aýdypdyň-a. Seniň özüň maňa aýdypdyň. — Bilmeýärin — diýip, Raniýa sumkasyndan açarlaryny çykaryp aýtdy. Leýla tarap öwrülip, onuň ýaňaklaryndan ogşady. — Emma men saňa näme üçindigini aýtmandym. Eger sen bilsediň, onda düşünerdiň. Ýöne tutulmazlygym üçin dileg etjekdigiň hakynda ant iç. — Ant içýärin — diýip, Leýla ýuwaşja aýtdy. Şeýdip, Raniýa çykyp gitdi. 16 Raniýa maşynyny keselhananyň yzky howlusynda goýdy, birnäçe gapylary açyp gördi. Hemmesi ýapykdy. Ol gapdal gapylary gördi, emma olar hem gije ýapykdy. Ol diňe tiz kömek tarapdan, diýmek, gorag gullugynyň gapdalyndan girip bolýandygyna düşündi. Ýagny ony görüp, soraga tutsalar gerek. Belki-de, onuň geçendigini ýazga alarlar (ýogsam munuň üçin sebäp ýok). Raniýa sagada seretdi. Onda saýlaw ýok. — Hanym Fawaz, men sizi beýle giç wagtda bu ýerde hiç-de görmändim — diýip, Raniýanyň öz nyşanyny görkezen goragçysy aýtdy. — Doktor Ramiz meni çagyrdy we meniň käbir zatlary oňa getirip bermegimi haýyş etdi — diýip, ol aldady. — Bary ýerbe-ýermi? — diýip, goragçy sorady. — Elbetde, — diýip, Raniýa jogap berdi. Ýüregi gaty çalt urýardy. — Ertir ol birnäçe syrkwalara seretjek we onda käbir dermanlary ýok. Men çalt bolaryn. — Kömek gerekmi? — Ýok, bary ýerbe-ýer — diýip, Raniýa ýoldaşyny aldap, işini ýitirmäge töwekgellik edip, özüni gaty erbet duýup jogap berdi. — Men çalt. — Bolýar — diýip, goragçy aýtdy. — Şu ýerde gol goýuň. Ol žurnalda Raniýanyň gol goýmaly bolan ýerini görkezdi. Raniýa syýagalama seretdi we bularyň barynyň nämä eltip biljekdigi hakynda oýlandy. — Bir zatlar oňat dälmi? — diýip, goragçy Raniýanyň ynamsyzlygyny görüp sorady. — Raniýa şol bada gözüni ýumup, pallap goýberdi. — Ýok, men ýöne ýadadym — diýip, Raniýa jogap berdi. Ol elinde syýagalamy alyp, goluny goýmaga synanyşdy, emma syýagalam ýazmady. — Ýazmaýar — diýip, Raniýa aýtdy. — Anykmy? — diýip, goragçy sorady. — Ony ýeňilje silkeläň. Syýagalamy silkeläp, Raniýa ýene bir gezek synanyşdy. Ýene-de netijesiz. — Onda näme, size munuň ýaramagy mümkin — diýip, goragçy aýtdy. — Meniňkini alyň. Goragçy jübüsine elini saldy, emma hemişeki ýerinde syýagalam tapylmady. — Gaty geň — diýip, ol stoluň üstünden, soňam onuň aşagyndan syýagalamy agtardy. Ol hut şu wagt şu ýerdedi. Raniýa sagadyna seretdi. — Men howlugýaryn — diýdi. — Belki-de, men ýokary galyp, doktor Ramiz üçin gerek bolan zatlary alaryn? Goragçy entegem stoluň aşagyny barlaýardy. — Düşünmeýärin… — diýip, ol aljyraňňyly, hatda gaharly pyşyrdady. — Bu meniň iň halaýan syýagalamym. Raniýa şu ýakynda jogaba garaşyp bilmejekdigini bilýärdi, ol bolsa Marwanyň ýanyna çalt dolanyp barmalydy. Şeýle-de, Leýlanyň ýanyna, entek ol pikirini üýtgedip, özlerini satmanka. Ol galdyrgyç tarapa seretdi, emma bu gaty uzak wagta çeker öýdüp, basgançaklar boýunça ýokary galyp başlady. Goragçy entegem syýagalamynyň gözlegindedi. Raniýa üçünji gatdaky manipulýasion bölüme tarap howlukdy. Üçünji gatda ümsümlikdi. Şepagat uýalarynyň biri stol başynda otyrdy, beýlekisi bolsa syrkawlaryň ýanyndady. Gaty çalt hereket etmek gerekdi. Raniýa düzümdäki açarlaryň içinden gereklisini tapyp alyp, gapyny açdy we içeri girdi. Ol özüne gerek bolan ähli zatlary ýygnap, sumkasyna saldy. Birden aýak sesleri eşidildi. Raniýa çyrany öçürip, tekjäniň arkasynda oturdy. Gapy açyldy. Kimdir biri çyrany ýakyp, sykylyk bilen içeri girdi. Raniýanyň ýüregi saklanmaga taýyndy. Bu Leýlanyň dosty Rauldy. Ol bu ýerde näme işleýär? Belki-de, Leýla oňa jaň edendir? Baryny gürrüň berendir? Dartgynlylyk gaty güýçlenip barýardy. Raniýa özüniň şeýle giç pursatdaky şu ýerde bolmagynyň sebäbini düşündirip bilmez. Eger Raul ony satsa… Bu pikir Raniýany gaty gorkuzdy. Ol bu hakda pikir etmejek boldy. Raniýa demini saklap durdy. Ol Raulyň aýaklaryny görüp, onuň sykylyk çalmagyny bes etmän, tekjede bir zatlary goýandygyny eşitdi. Raul Raniýanyň şu ýerdedigini bilmeýär we ony agtarmaýar. Ol çyrany öçürip, çykyp gitdi. Raniýa demini goýberdi. Ol bütinleý titreýärdi. Ol ýene kimdir biri gelmeýärmikä diýip gulak asyp durup, ýene birnäçe minut garaşdy. Emma ümsümlikdi. Ol ýerinden turup, hiç zada degmän, seresaplyk bilen çykalga tarap ädimledi. Ol gerek bolan zatlaryň baryny aldy. Entek hiç zat bolmanka, çaltlyk bilen bu ýerden gitmeli. Ol daş-töweregine göz aýlady. Ýol açykdy. Sumkasyny bagryna basyp, ol basgançak tarapa ylgap gidişine, üç gat aşaklygyna düşdi. Birinji gatda ol demini dürsemek üçin saklandy. Onsoň öz telewizoryna seredip oturan goragça seretmän, ol çalt we maksadalaýyklylyk bilen çykalga tarap gitdi. Ol birden özüniň adynyň tutulanyny eşideninde, bireýýäm gapynyň agzynda durdy: — Hanym Fawaz, garaşyň! Raniýa duran ýerinde doňup galdy. Bu goragçy. Ol ony tutdy. Emma nädip? Raniýa çalt-çalt demini alýardy. Kellesi aýlanýardy. Näme etmeli? Gaçyp bolmaz — ony tutarlar. Iň oňat ýagdaýynda ony ýurtdan çykararlar. Eger birden..? Ýok, ol bu hakda hatda pikir hem etmez. Raniýa arkaýyn ýaly görünmäge synanyşyp, haýallyk bilen yzyna öwrüldi, emma umyt ony taşlady. Ol ysgynsyzlygy we gorkyny duýýardy. Ol özüni ykbala tabşyrmaly — Marwanyň we Leýlanyň ykbalyna. Olar kanuny bozdular we munuň üçin tölemeli bolarlar. Bularyň bary nädip bolduka? Goragçy ýerinden turdy we onuň ýüzünde gorkunç hiç bir zat ýokdy. Ol ýylgyrdy. — Hanym Fawaz, serediň, men öz syýagalamymy tapdym — diýip, ol Raniýany geň galdyryp aýtdy. — Geliň, siz özüňiziň gelip gidendigiňizi bellemelisiňiz. Goragçy gaty şadyýandy, Raniýa bolsa tas aglap goýberipdi. Emma 10 minutdan soň ol bireýýäm öz otagyna dolanyp geldi. — Näme üçin beýle uzak wagtlap gitdiň? — diýip, Leýla sorady. — Çalt başaryp bilmedim. Kynçylyklar peýda boldy — diýip, Raniýa jogap berdi. — Nähili kynçylyklar? — Zyýany ýok, bary oňat. — Ýok, Raniýa, bary däl. — Näme boldy? — Marwanyň gyzgyny 40-dan ýokary galdy. 17 Marsel aeroportynyň işgäri öldürilen taksiçiniň jesedini daňdan tapdy. 15 minutdan soň ol ýer polisiýa tarapyndan gurşaldy we 7.30-da Monte-Karlodaky inspektor Žan-Klod Goddaryň telefony jyňňyrdady. — Hawa — diýip, özüniň gijäni geçirmek üçin saklanan otagyndaky gysga ukusyndan oýarylyp aýtdy. — Siz degişýärsiňiz… Nirede? Ol ýer gorag astyna alyndymy?…Ýok, biz dikuçar bilen baryp ýeteris… Bar zady taýýarlaň… Berekella. Ol bar zady gurnamagy üçin Kolett Dýuwalla jaň etdi, onsoň Lemýä hem jaň edip, täzelikleri habar berdi. Olarda yz bar. Goddar ýüzüne suwy döküp, dişini arassalady, saçlaryny darap, arassa köýnegini agtaryp tapdy we ony geýdi. Nyşanyny, sapançasyny, gapjygyny we açarlaryny eline alyp, ol girelgäniň alnynda Dýuwally garşy aldy. Ol Goddary dikuçaryň ýanyna alyp gitdi. Şol ýerde ol Lemýe bilen duşuşmalydy. — Siz elhenç görünýärsiňiz — diýip, olar boş köçelerden gidenlerinde Dýuwall aýtdy. — Özümi ondan hem beter duýýaryn — diýip, Goddar jogap berdi. — Siz öýüňize gitmediňizmi? — Nädip gidip bileýin? — diýip, ol öz ýazgylaryny dörüşdirýärdi. Marwan hakda nämedir bir täzelik barmy? — Diňe size sagat 4-däki elektron poçta boýunça iberenim — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Emma sagat 10-a Beýrut we Pariž bilen konferens-arabaglanyşyk bellenilen. Haçanda ýene bir zatlar peýda bolanynda, men size jaň ederin. Dýuwall maşyn duralgasyna girdi. Dikuçar taýyndy. Goddar portfelini alyp, maşyndan çykdy. — Meniň bilen öz ornuňyzy çalyşjak dälmi? — diýip, ol motoryň arryldysyndan gaty gygyrjak bolup aýtdy. — Skelet bilen bütin gün geçirmek üçinmi? — diýip, jogap deregine Dýuwall gygyrdy. — Gaty özüne çekiji pikir, emma sizi beýle mümkinçilikden mahrum edip bilmerin. — Gaty gülkünç — diýip, Goddar aýtdy. — Marwan bilen meşgullanmagyňyzy dowam etdiriň. — Dowam etdirýäris. Inspektor Lemýe gelip ýetdi we dikuçar ýokary galdy. — Şeýlelikde, jenap Goddar, Marwan babatda sizde näme bar? — diýip, Lemýe birnäçe minutdan soň aýtdy. Başlaýar. — Onuň doly ady Marwan Adib Musa Akkad — diýip, olar Fransiýanyň üstünden uçup baryşlaryna Goddar aýtdy. — Ol 1978-nji ýylyň 14-nji fewralynda Saýdada, Liwanda doglan. Kakasy Adib bankçydy, ejesi Sara mekdepde mugallyma. 73-nji ýylda maşgalasy Beýruta göçüp gelýär. Galan maglumatlar gaty bölek-bölek. Biz Marwanyň ýeke-täk doganynyň 1982-nji ýylda doglandygyny bilýäris. Marwanyň 96-njy ýylda goşun gullugyna gidendigi mälim, özüni oňat görkezen, oňa üns berip, derejesini galdyrýarlar. Saýlama bölümlerde gulluk edip, ol gizlin gulluga geçirilýär, 98-nji ýylda Goranmak ministriniň goragçysy bolup işleýär we 99-dan 2001-nji ýyla çenli premýer-ministriň goragynda. Goddar Dýuwalldan gelen, çap edilen maglumatlara seretdi. — Ol döwlet gullugyndan 2003-nji ýylda gidýär — diýip, ol sözüni dowam etdirýär. — Goşun gullugyndan gidip, ol «Akkad we hyzmatdaşlar» kompaniýasyny esaslandyrýar. Bize mälim bolşy ýaly, esasan-da olar ogurlanan adamlary gözlemeklik we Yrakda işleýän «Western Oýl» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini goramak bilen meşgullanýarlar. Ýaňy-ýakyndan bäri olar Liwanda hem olaryň howpsuzlygyny üpjün edip başladylar. Şeýle-de, Pars aýlagyndaky olaryň baş müşderiler bilen bolan biznesleri gaty üstünlikli barýar. Kompaniýanyň internet sahypasynda diňe müşderileriň sanawy we Beýrutdaky esasy iş jaýynyň salgysy hakynda maglumat bar. Meniň işdeşim Kolett Dýuwall düýn agşam olar bilen jaňlaşmaga synanyşdy, emma olar ýapykdylar. Bir sagatdan ol ýene-de synanyşyp görer. — Bu bolanymy? — diýip, Lemýe sorady. — Häzirlikçe bolany — diýip, Lemýeniň duýdansyz okgunlygy sebäpli geň galan Goddar jogap berdi. — Bularyň baryny men bilmeýärin diýip siz oýlaýarsyňyzmy? — diýip, Skelet gahar bilen sorady. — Men ýöne öz gullugyma jaň edip, bu maglumatlaryň baryny aldym. Bu bäş minutdan hem az wagt eýeledi. Meniň kätibim Marwan Akkad hakynda sizden hem kän bilýär, jenap Goddar. Bu Monakonyň ukyply bolanlarynyň barymy? Goddar sowukganlylygy saklamaga synanyşdy. Käwagtlarda ol bu tumşugy şeýle bir ýumruklamak isleýärdi welin, ýöne ol beýle etmeklige özüne rugsat berip bilmeýärdi. Özüniň Lemýä çydam edip bilmändigini görkezmegi bilen, ony keýplendirmegi Goddar asla islemeýärdi. — Näme edip bolýandygyny bilmekligi menden sorapdyňyz — diýip, Goddar oňa jogap berdi. — Birnäçe sagatdan soň biz kän zady bileris. — Birnäçe sagatdan soň Marwan bireýýäm Ýaponiýada ýa-da Alýaskada bolup biler — diýip, Lemýe gaharly aýtdy. — Biz özümize garaşmaklyga rugsat berip bilmeýändiris, jenap Goddar. Ganhor azatlykda we ol bizi 9 sagat ozýar. Goddar onuň ýüzüniň we boýnunyň gyzarandygyny, gulaklarynyň bolsa gyzgyn bolandygyny duýdy. Hemmeler onuň kemsidilendiginiň şaýatlary boldular we ol jogap bermek isleýärdi. Emma şu wagt öz wagty we öz ýeri däl. — Meniň üçin gaty gyzykly, jenap Goddar — diýip, Lemýe aýtdy, olaryň Marsele bolan uçuşlary dowam edýärdi. — Marwanyň dogany bilen 82-nji ýylyň hüjüminden soň diri galandyklary, ejesiniň bagryna basylyp, çüýşeleriň we şrapneliň bölejiklerinden uly legende gizlenendikleri hakynda maňa hiç zat gürrüň bermediňiz? — Gorkýaryn, ýagny men… — Näme üçin siz olaryň Raminiň birinji doglan gününi bellänlerinde, Marwanyň göz alnynda onuň iki daýysynyň we iki daýzasynyň öz çagalary bilen öldürilendikleri hakynda maňa gürrüň bermeýärsiňiz? — diýip, Lemýe sözüni dowam etdirdi. — Şondan birnäçe ýyl soň Marwan bilen onuň dogany Beýrutyň köçesinde özleriniň ata-eneleriniň maşynda ýarylandyklaryny görendikleri hakynda siz bilýärsiňizmi? Äpişgeden Goddar ýalaňaç agaçlary we hapa fermalary görýärdi: ýagyş bütin gijeläp dynmandy. — Onsoň näme? — diýip, Lemýe sorady. — 1993-nji ýylyň 3-nji ýanwary size bir zatlar hakynda gürrüň berýärmi? — Ýok — diýip, Goddar jogap berdi. Ol özüni kemsidilen duýýardy. Iň esasy zat hem Lemýeniň mamladygydy. Lemýä bu ujypsyzja zatlary teklip etmän, köpräk maglumat ýygnamalydy. Ol Lemýeniň nähili işleýändigini bilýärdi ahyryn we indi diňe özüni günäkärläp bilerdi. Gynansak-da, Lemýe entek gutarmandy. — Marwan şonda 15 ýaşyndady, Rami bolsa 11 — diýip, Skelet asla gyzykly däl ýaly edip aýdýardy. — Bu gün hakdaky ýatlama olary bütin ömür yzarlaýar. Olar ol waka hakda gürrüň etmezler, ýatlaryna-da salmazlar. Siz bu işi açmak isleýärsiňizmi, jenap Goddar? Onda siz Marwan Akkadyň nähili adamdygyna düşünmelisiňiz. Adamy haýýarlyk etmäge nämäniň itekleýändigini bilmek isleýärsiňizmi? Adam öldürmeklige? Adamlarda gorky döretmeklige? Onda siz bu adamy şeýle eden wakalary derňemegiňiz, olary nämäniň hereket etmäge mejbur etdirýändigini bilmegiňiz gerekdir. — Bary Marwanyň ata-enesiniň öldürileninden soň başlapdy. Marwan bireýýäm ýöne dogan däldi — ol maşgalabaşy bolupdy. Rami hakda alada eder ýaly hiç kim galmandy. Daýylary bilen daýzalary diri däldiler, garyndaşlarynyň galanlary bolsa Liwandan Ýewropa we Ştatlara göçüp gidipdiler. Kiçi dogany hakda Marwanyň ýeke özi alada etmelidi, ony iýmitlendirmelidi, geýindirmelidi, goramalydy. Hatda goşun gullugynda hem Marwan Rami hakda alada etmegini goýmady. Ol doganynyň aýratyn bölüme alynmagyna, oňa ýörite ýumşuň berlip, premýer-mitistriň orunbasarynyň özüniň goragynda abraýly ýeriň berilmegine ýetipdi. — Näme üçin? Olar näme maksady yzarladylar? Adamkärçilikli maksady aýtsaňyzlaň — özleriniň başlaryndan geçiren ejirlerinden ýurduň ýolbaşçylaryny we bu ýolbaşçylaryň çagalaryny goramaklygy üpjün etmeklikmi? Siz kän bir beýle türkana dälsiňiz ahyryn, jenap Goddar. Goddar hiç zat jogap bermedi. Ol bularyň baryndan bireýýäm gaty ýadapdy. — Marwan Akkadyň ýürek islegi ýurduna bolan söýgi däl, jenap Goddar — diýip, Lemýe aýtdy. — Oňa açgözlük ýolbaşçylyk edýär. Maňa ynanaýyň. Men bütin ömür şeýle adamlaryň yzlaryndan kowalaýaryn. Men olary bilýärin. Marwan özüniň hasap edişine görä, özüne degişli bolanlaryň baryna eýe bolmak isleýär. Ol özünden alnanlary yzyna dolandyrmak isleýär: baýlygy we uly baýlygyň berip biljek hemişe ýeňiji bolmaklyk duýgusy. Özüniň bu doýmazak islegini kanagatlandyrmak üçin ol baý we uly adamlaryň hasabyna iýmitlenýär, olary sapagyna çenli ogurlaýança, howpsuzlygyň ýalan duýgusyny üpjün edýärler. Meniň sözlerimi ýadyňyzda saklaň, jenap Marwan Akkad — baryp ýatan iblis. Ol diňe ogurlap, öldürip we ýumrup bilýändir. Biz ony bularyň baryny edip ýetişmänkä tapmalydyrys. 18 Goddar bilen Lemýeli dikuçar Marsele gonýança, ýerli häkimiýetler täze delilnamalara eýe bolupdylar. Aeroportyň goragynyň başlygynyň otagynda olar syn ediji kameralaryň ýazgylaryna seredýärdiler. Birinjide Marwanyň taksisiniň nädip maşyn duralgasyna girýändigi görünýärdi. Ikinjisi birnäçe minutdan soň onuň aeroportyň binasyna girýändigini görkezýärdi. Beýlekileri — goşlary saklaýan gutudan bir zatlary çykarýandygyny, hajathana girýändigini, bilet bilen oturyş talonyny alýandygyny we Jek Kardell ady bilen barlagdan geçýändigini görkezýärdi. — Ol hapa sebedine näme atdy? — diýip, Goddar sorady. — Kim bilýär? — diýip, Lemýe aýtdy. — Bu islendik zat bolmagy mümkin. Goddar başlyga ýüzlendi: — Gijäniň içinde ýygnanan hapalary biriniň gözden geçirmegini buýurmaly. — Emma jenap, inspektor mamla, bu islendik zat bolmagy mümkin. — diýip, gorag başlygy aýtdy. — Hut şony hem tapmaly — diýip, Goddar öz diýeninde berk durdy. Onsoň Lemýe Marwany barlan žandarmy çagyrdy. Ol ony şeýle bir jikme-jik soraga tutdy welin, biçäre žandarmda nerw tutgaýy bolar diýip Goddar oýlady. Žandarmy işinden boşatdylar. Kompýuter loglarynyň synlamasy liwan internet-prowaýderiniň üsti bilen Marwan üçin «Roýal Er Marok» kompaniýasyna bilet satyn alnandygyny görkezdi. — Bu Marwanyň dogany bolaýmaly — diýip, Lemýe aýtdy. — Biz muny anyk bilip bilmeýäris — diýip, Goddar garşy çykdy. — Bu ondan başga kim bolup biler? — diýip, Lemýe sorady. — Men ýöne işiň sözlemlerde däl-de, kazyýetde subut edip bolary ýaly delilnamalarda gurlan bolmagyny isleýärin — diýip, Goddar aýtdy. — Eger Marwan dogrudanam günäkär bolsa — munuň şeýle bolmagy mümkin — bize kän subutnama gerekdir. Entek bolsa bizde diňe gytaklaýyn subutnamalar bardyr. — Mundan-da has az subutnamalara eýe bolup, men kän işleri ýeňipdim — diýip, Lemýe öwündi. Ondan-da kän subutnamalara eýe bolup, sen näçesini soňuna çenli alyp barmadyň? — diýip, Goddar öz içinden oýlandy, emma sesini çykarmady. — Islegiňiz boýunça bolsun, men bolsa biziň ganhorumyzy tapmak maksadym bilen Kasablanka uçýaryn we siziň Beýruta gidip, kimiň bilet satyn alandygyny anyklamagyňyzy isleýärin — diýip, Lemýe aýtdy. — Seresap boluň, jenap Goddar. Marwan bilen Rami Akkadlar — howply adamlar. Olara näçe ýakyn bardygyňyzça, olar has-da howply bolýandyrlar. 19 — Marwan! Marwan, sen meni eşidýärsiňmi? Marwan ukusyndan açylmaga synanyşdy, emma gabaklaryny galdyryp bilmedi. Bütin endamy agyrýardy we ýüzüniň derden doludygyna seretmezden, ol sowukdan titreýärdi. Ol üstüne ýorgan çekip, aýaklaryny kükregine ýygnady. — Marwan, bu men, Raniýa, sen meni eşidýärsiňmi? Hawa, ol ony eşidýär. Ol bu sesi söýýär we ony eşitmegi gaty isläpdi. Ol we Raniýa çagalykdan bäri dostdular. Olar bile oýnaýardylar, bile şatlanýardylar we bilelikde Liwandaky raýatlyk urşuny başlaryndan geçiripdiler. Olar bir-birleriniň doglan günlerine barýardylar, mekdepde bile oturypdylar. Bir gezek olar öz jaýlarynyň üçeginde gala gurupdylar, onuň içinde komiksleriň we içgileriň, Raniýanyň halaýan üzüm şiresiniň we Marwanyň halaýan pyrtykal şiresiniň ençemesini ýerleşdiripdiler. Onuň öz durmuşynda ilkinji gezek ogşan gyzy Raniýa bolupdy. Amerikan filmine elteniniň birinjisi hut Raniýa bolupdy. Marwan filmiň adyny ýadyndan çykarypdy, emma nädip zala girip, yzda oturandyklaryny ýadynda saklapdy: olaryň ata-eneleri çagalarynyň duşuşmaklaryna garşydylar. Marwan Raniýanyň elinden nädip tutandygyny ýadynda saklapdy. Ol Raniýa öýlenjekdigine ynamlydy. Ine-de, bir gezek, haçanda Marwan 14 ýaşyndaka, okuw ýylynyň gutaryp baranynda we tomus dynç günleriniň gelip ýeteninde, Raniýa onuň ýanyna gelip, kakasynyň Fransiýada, has takygy Parižde täze iş alandygyny we agşam özleriniň ol ýere hemişelik gitjekdiklerini gürrüň beripdi. Marwan onuň ýaňaklaryndan nädip ogşandygyny ýadynda saklapdy, Raniýanyň gözlerinde gözýaşlar peýda bolupdy. Ol Marwan bilen hoşlaşyp, yzyna öwrülipdi we ylgap gidipdi. Marwanyň entegem bokurdagy doludy we ýüreginde agyryny duýýardy. Ol şol wagt özüniň näme pikir edendigini ýadynda saklapdy: Hudaý ony näme üçin jezalandyrýar? — Marwan — diýip, Raniýa ýene bir gezek pyşyrdady. — Gözleriňi açyp bilýärsiňmi? Oýan. Ol ýene-de söýgüli gyzynyň deminiň ýylylygyny ýaňaklarynda we atyr yslaryny duýdy. Ol güýç bilen gözlerini açdy. Ine-de ol ýene Raniýany görýär we Marwanyň dodaklary ýylgyryp başlady. Ol bireýýäm gyzyl reňkli ýatylýan köýnekli däl-de, şepagat uýasynyň ýektaýyny geýnendi. Bir wagtky gara uzyn saçlary indi gyrkylyp, zordan egnine düşüp durdy. Ýüzünde hiç hili kosmetika ýokdy, emma şeýle ol oňat görünýärdi — arassa we mähirli. Onuň gözleri, täsin gara gözleri birwagtdakysyndan hem has owadandy. Diňe onuň gözlerini ýene bir gezek görmek üçin bar zatlary başyndan geçirmegiň manysy bardy. Geçen alty aýyň ähli agyrylary we ejirleri ýitirim boldy. Iň oňat sagaltma we ömrüňi uzaldyjy içgi — bu özüniň onuň öýündedigi, onuň diwanyndadygy, onuň aladasy astyndadygy we onuň ýüregini ýanyňda urmagydyr. — Marwan, sen meni eşidýärsiňmi? — diýip, Raniýa mähir bilen pyşyrdady. — Sagat näçe? — diýip, Marwan gowşak gyrylan sesi bilen sorady. Güýçli kelle agyrysy kemelip başlady. Ol rahatlygy we howpsuzlygy duýdy. Eýýäm ençeme aýlap ol şeýle rahat bolmandy. Raniýa sagada seretdi. — Bireýýäm sagat sekiz bolup barýar. — Daň sekizmi? — diýip, ol penjire tarapa seredip sorady. — Näme üçin daş garaňky? — Bireýýäm agşam, Marwan — diýip, Raniýa jogap berdi. — Häzir agşam sagat sekiz. Sen düýn koridorda ýykylanyňdan bäri bütin gün ukladyň. — Bagyşla — diýip, ol pyşyrdady. Raniýa kellesini ýaýkap, onuň maňlaýyny tutup gördi. — Zyýany ýok — diýip, ol jogap berdi. — Bary üçin meni bagyşla — diýip, Marwan pyşyrdady. — Men bilýärin… — Sesiňi kes — diýip, Raniýa barmagyny onuň dodaklaryna mähir bilen goýup aýtdy. Men saňa bir zady aýtmalydyryn. Islän zadyňy aýdyber diýip, Marwan öz içinden oýlandy. Maňa gazetiň ullakan makalalaryny, şüle ýarmasynyň gutusynyň tekstini okap berip bilersiň. Ol ýene-de Raniýa bilen bolmaga şat. Bir minut sesini kesip, Raniýa onuň gözlerine seretdi we ol bireýýäm özüni oňat duýdy. Uludan demini alyp, Raniýa diýdi: — Sen bu ýerde galmaly dälsiň. Marwanyň ýüregi saklandy. Näme? — diýip, ol özünden sorady. — Ol hut şu wagt näme diýdi? Onuň elleri sowady. Ol bir zatlar diýmäge synanyşdy, emma damagy gurap, sözler çykmady. — Hiç zat diýme — diýip, Raniýa pyşyrdady. — Diňe diňle. Marwan diňläp bilmeýärdi. Raniýanyň näme diýmek isleýändigine seretmezden, Marwan onuň sözlerini diňlemek islemeýärdi. — Men seni söýýärin, Marwan — diýip, Raniýa gürrüňine başlady. — Seni hemişe-de söýýärdim diýip oýlaýaryn, özümi birinji gezek ogşan günüňden bäri, ýogsam-da, ondan hem ozal. Men ata-enem bilen Pariže giden günümdäkisi ýaly ömrümde hiç haçan hem aglamandym, çünki seni gaýdyp görmerin diýip oýlapdym. Men aglamagymy bes etmedim. Men ata-eneme özümi äkidenleri üçin olary ýigrenýändigimi, gaçyp gidip, seni tapjakdygymy aýtdym. Emma şonda men çagadym. Men ulaldym we sen hem ulaldyň. Biz üýtgedik, her birimiz öz durmuşymyz bilen ýaşadyk we başga adamlar bolduk. Haçanda sen geçen ýyl güller we sowgatlar bilen ýanyma gelip, özüňe durmuşa çykmagy teklip edeniňde, men gorkdum. Çünki mende täze, özüme ýaraýan başga durmuşym bardy. Maňa oňat gatnaşyk edýän dostlarym we özüme biperwaý bolmadyk adamym bardy. Emma sen oňat hatlar we ýazgylar ibermegiňi, jaň etmegiňi, maňa sowgatlardyr güller ibermegiňi dowam etdirdiň we bu meni aljyraňňylyga saldy. On ýyllap men güýjümiň baryndakyny edip, seni ýadymdan çykarmaga synanyşdym, belki-de, ýadymdan çykarmaga däl-de, geçmişi düzedip, özüm üçin ýerlikli bolan durmuşy gurmaga synanyşdym. Sen meni neneň güýçli söýýändigiňi aýtmak isländigiňi men bilýärin we bu gaty ýakymlydy. Onsoň men düşündim: sen maňa öz durmuşyň hakynda, özüňde bar zatlar we tanyşlaryň hakynda gürrüň berip, meni haýran galdyrmaga synanyşdyň. Emma bu başa barmady. Bu hatlarda men özümiň iň oňat dostumy zordan tanaýardym. Men hiç haçan öýi bolmadyk, hemişe howplarda bolýan we öz durmuşyny howp astyna salmak arkaly pul gazanýan adama durmuşa çykmak islemeýärin. Men Hudaýa derek pula, häkimiýetlere we abraýa sežde edýän adama durmuşa çykmak islemeýärin. Men öz ärimiň özümi söýmegini isleýärin, Marwan, özüm bilen wagtyny geçirmegi, çagalary terbiýelemegi isleýän we durmuşda iň wajyp bolana çynlakaý seredýän ärimiň bolmagyny isleýärin. Sen bolsa beýle däl, Marwan. Belki-de, sen birwagtlar şeýle bolansyň, emma indi beýle dälsiň diýip oýlaýaryn. — Men üýtgäp bilerin — diýip, Marwan kynlyk bilen aýtdy. Raniýa salkyn elleri bilen onuň ýüzünden sypalap, oňa seredip ýylgyrdy. — Belki-de, bilersiň — diýip, ol ylalaşdy. — Emma häzirlikçe sen meniň öýümiň bosagasynda atylan ok zerarly huşuňy ýitirdiň. Men saňa kömek etjek bolup işimi ýitirmegiň bärinden gaýtdym. Beýle durmuş meni kanagatlandyrmaýar. — Şonuň üçinem sen Parižden gaçdyňmy? — diýip, Marwan sorady. — Men gaçmadym — diýip, Raniýa arkaýyn jogap berdi. — Bu ýerde iş teklip etdiler we men hem ylalaşdym. — Biz bilelikde agşamlyk naharyny edinmek isläpdik — diýip, Marwan aýtdy we onuň sesi dartgynly eşidildi. — Men ol ýerde bir sagat oturdym, onsoň doganyň peýda bolup, seniň göçüp gidendigiňi aýtdy. — Belki-de, meniň doganym muny oňat ýagdaýda eden däldir. — Sen ýazgy galdyrmadyň, hoşlaşmadyň, ýöne ýitirim bolduň — diýip, Marwan aýtdy. — Şeýtsem oňat bolar diýip oýladym — diýip, Raniýa aýtdy. — Diňe şeýdip men seniň düşünmek islemeýändigiňe özümi ynandyryp bilýärdim. — Belki-de, sen hem muny başgaça edip bilerdiň — diýip, Marwan aýtdy. — Belki-de — diýip, Raniýa ylalaşdy. — Men seniň göwnüňe degmek islemedim. — Emma sen meniň göwnüme degdiň. — Meni bagyşla, Marwan. Dogrudanam men gaty gynanýaryn. Emma seniň bu ýere gelmegiň ýalňyşlyk boldy. — Men özümiň başga kime ýüz tutup biljekdigimi bilmedim. — Iş şeýle bir çynlakaýmy? — Sen ýarany görensiň. — Kim beýle etdi? — Bilmeýärin. Men özümiň güýjümi dikeldip, bolan zatlara düşünip bilmegim üçin ýer gözledim. — Bu ýerde däl. — Näme üçin? — diýip, Marwan sorady. — Men saňa päsgel bermerin. Bu ýöne wagtlaýynça. — Ýok — diýip, Raniýa kellesini ýaýkady. — Bu howply we… — We näme? — diýip, Marwan sorady, ýogsa-da, onuň näme diýjegini bilýärdi. — Muny aýtmagyma meni mejbur etme, Marwan. — Men seniň aýtmagyňy isleýärin. — Haýyş edýärin, Marwan. Emma ol öz diýenini gaýtalap durdy we Raniýanyň gözleri gözýaşlardan doldy. — Men seni söýýärin, emma seniň isleýşiň ýaly däl Marwan — diýip, ol aýtdy. — Meni bagyşla. Haýyş edýärin, gel, muny goýalyň. Marwan haýallyk bilen başyny atdy we birden burçda Leýlanyň oturandygyny gördi, ol hem gözýaşlydy. Ähli güýjüni toplap, ol ýerinden turdy, goşlaryny alyp, gapa ýakyn bardy-da, yzyna öwrülip, özüniň ilkinji söýgüsine ýene bir gezek seretdi. — Sen özüňiň agtarýan adamyň ýalyny taparsyň diýip umyt edýärin, Raniýa — diýip, ol ýuwaşja aýtdy. — Sen bagta mynasypsyň. Seni mundan beýläk alada goýmazlygy wada berýärin. Raniýanyň gözleri gözýaşlar sebäpli gyzarypdy, dodaklary titreýärdi. Marwan oňa mundan hem kän ejirleri çekdirmegi islemeýärdi. — Özümi aýaga goýandygyň üçin sag bol — diýip, ol aýdyp bildi. Oňaýsyz arakesmeden soň ol gapyny açdy. — Sen nirä gitjek, Marwan? — diýip, birden Raniýa sorady. — Munuň manysy barmy? — Meniň üçin — hawa — diýip, Raniýa jogap berdi. — Bilmeýärin — diýip, ol päk ýürek bilen aýtdy. — Belki-de, Müsüre, Ýakyn Gündogara — bu ýerden daşrak bir ýerlere. Şeýle diýdi-de, ol gapyny ýuwaşja ýapyp gitdi. 20 Sagat dokuza ýakyn Marwan Raniýanyň otagy ýerleşen jaýdan çykyp, gijäniň içinde gitdi. Ol nirä gidip biler? Ol bu ýurtda hiç kimi-de bilmeýär. Myhmanhana gitmäge ol gorkýar. Yzarlaýjylar bireýýäm agtaryp, belki-de, ony Marokkoda gözleýändirler. Gyzgynynyň 39-a düşendigine seretmezden, entegem ol üşeýärdi. Ähli bogunlary agraýardy we şu wagt bolsa ol ýürek agyrysyndan hem ezýet çekýärdi. Ol Raniýanyňka gelip, samsyk ýalňyşlygy etdi. Nädip ol beýle akylsyz hereket edip bildi? Soňky ýarym ýylyň içinde ol hut şuny boýun almak islemeýärdi: özi üçin saýlap alan durmuş ýoly onuň söýgüli gyzynyň bahasyna durar. Galanlarynyň näme manysy bar? Umyt ony terk etdi, onuň bilen yzarlaýjylardan halas bolmaklyk islegi-de ýitirim boldy. Ony gara pikirler doldurdy: ol öz-özüni öldürip, janyna kast edip görgülerden azat bolar diýip oýlaýardy. Emma ol elinden gelenini edip, özüne kömek etmek islän we indi bu dünýädäki ýeke-täk dosty bolup galan dogany hakda ýatlady. Ol hiç haçan hem Ramini taşlap bilmez. Ata-enesi hiç haçan hem munuň üçin ony bagyşlamazdylar we näme bolsa-da, ol olaryň hormatyny inkär etmez. Näme etmeli? Onuň saklanar ýaly ýeri ýok we özüniň ýüzleneri ýaly adamy-da ýok. Wagt bolsa gidip dur, ony agtaryp ýören bolsalar gerek we ýekeje nädogry ädim aýgytlaýjy bolup bilýär. Marwan kireýne alan maşynyny ýadyna saldy. Ol ony tapyp, Raniýanyň öýünden birnäçe kilometr daşlaşdy-da, ýuwaş köçede taşlap gitdi. Onsoň taksi saklap, ol aeroporta dolanyp geldi. Ol ýerden başga biriniň adyna berlen kredit kartoçkasyny ulanyp, telefon boýunça doganyna jaň etdi. — Rami, bu men, Marwan. Öýüňe jaň edýändigim üçin bagyşla. — Sen näme edýärsiň?! — diýip, ol gaharly jogap berdi. — Men saňa sputnik telefonyndan jaň et diýmedimmi näme? — Men bilýärin, emma meniň wagtym bolmady. — Şeýle-de, sen üç gün garaşmalydyň. Entek bolsa hatda bir gün hem geçmedi. — Men öýe dolanmalydyryn. — Näme üçin? Näme boldy? — Bu gaty uzyn gürrüň — diýip, Marwan jogap berdi. — Ol nädip uzyn bolup bilsin? — diýip, Rami düşünmedi. — Sen ol ýerde ýarym gün hem bolmadyň. — Men häzir bu hakda gürrüň berip bilmeýärin — diýip, Marwan aýtdy. — Meniň üçin bilet buýur. — Ýok — diýip, Rami aýtdy. — Häzir Beýruta dolanmaklyk oňat pikir däl. — Näme üçin? — Çünki häzir bu howply. — Men bu ýerde galyp bilmeýärin. Men Ýewropa dolanyp bilmerin. Belki-de, San-Paula gitmelidirin? — Gaty gülkünç — diýip, Rami ýadawly aýtdy. — Näme üçin gitsem bolmaz? — diýip, Marwan sorady. — Men Klodetti tapmaga kömek ederin. — Munuň bilen bireýýäm başga adamlar meşgullanýarlar. — Belki-de, Ştatlara? — Saňa wiza bermezler? — Kaire? — Näme üçin Kaire? — Näme üçin Karire däl bolsun. — Marwan çykalgalaryň birinde ençeme marokka poliseýlerini gördi. — Men ol ýerde on dört million adamlaryň arasynda ýitirim bolup bilerin. — Men şonda-da düşünmeýärin — diýip, Rami aýtdy. — Näme üçin sen Kasablankada galyp bilmeýärsiň? — Ýöne bilmeýärin, soň gürrüň bererin — diýip, Marwan jogap berdi. — Bolýar, men seniň üçin Kaire bilet buýraryn. Sen haçan uçmak isleýärsiň? — Häzir. — Häzir diýýäniň näme? Sen nirede şu wagt? — Aeroportda. — Eýýämmi? Birje minut garaş. — Näme boldy? — Fransuz telewideniýesi boýunça täzelikleri goýberýärler. — Näme diýýärler? — Marselde maşyn bilen taksiçiniň jesedini tapypdyrlar — diýip, Rami aýtdy. — Ýene näme? — diýip, Marwan sorady. — Men ýa-da Marokko hakda bir zatlar diýýärlermi? — Ýok — diýip Rami jogap berdi. — Polisiýanyň maglumat ýygnaýandygyny we entek yz alyp bilmändiklerini aýdýarlar. — Aldaýarlar — diýip, Marwan aýtdy. — Olar bireýýäm meniň yzymy tapan bolsalar gerek. Men bu ýerden haýal etmän gitmelidirin. — Sen mamla. Haýsy ada men bilet buýraýyn? — Tarik Jamiliň adyna. — Hökman ederin — diýip, Rami ynandyrdy. — Ýene näme? — Maňa özümiň saklanyp bilerim ýaly ýer gerek. — Myhmanhanada otagmy? — Ýok, bu gaty töwekgelçilikli, yzarlamak aňsat. — Onda näme? — Maňa öý tap. — Öý? Sen ol ýerde näçe wagt bolmaklygy planlaşdyrýarsyň. — Bilmeýärin, belki-de, men ol ýerde biraz wagt bolaryn. — Dogrudanam şeýlemi? — Ýogsa näme? — diýip, Marwan aýtdy. — Seniň özüň meniň öýe dolanyp we Klodetti agtaryp bilmeýändigimi aýtdyň. Men nirä gideýin? Rami sesini çykarmady. — Maňa jaý tap we mümkin boldugyndan çaltrak, onuň bahasynyň näçe durýandygy wajyp däl — diýip, Marwan sözüni dowam etdirdi. Soň maňa «Federal Express» boýunça el telefonyny, biraz pul we nähildir bir salgy ýazylan kagyzlary iber. — Salgy ýazylan kagyzlary? — Hawa, özümiň abraýly görünmegim üçin. — Nähili? — Bilmeýärin — diýip, Marwan jogap berdi. — Goý, men kompýuterleri satyjy ýa-da, ýok, maslahatçy bolaýyn. Kompaniýanyň adyny we logotipini oýlap tap. — Sen degişýärsiňmi? — Eý, ýa-da sen maňa dogan dälmiň?— diýip, doganyna ýüzlendi. * * * 11.30-da Marwan 00.05-de uçýan «Ijipt Er» kompaniýasynyň 848-nji reýsiniň uçaryna mündi. Özüniň uçara münüp bilendigine entegem ynanyp bilmän, ol 7.05-de Kairde boldy. Hiç kim hem ony saklamady. Hiç kim hem sorag bermedi. Özüniň üns berşine görä, hiç kim hem ony yzarlamaýardy. Näme üçin? Bu duzakmy ýa-da gökleriň sylagy? Duzaga meňzemeýärdi. Emma näme üçin Hudaý ondan şeýle kän zatlaryny, üstünlikli işini, söýgüli gyzyny we soňky günlerde birnäçe gezek janyny aljak bolup, şu wagt oňa rehim edýärkä? Bu düşnüksiz, emma ol kiçijik mümkinçiligi-de elinden sypdyrmaz. Şu wagt indi näme etmelidigini bilmeklik wajypdy. Ilki bilen, ol özüniň indi Tarik Jamildigini ýadynda saklamaly. Onuň pasportynda we biledinde şeýle ýazylan. Şu ady bilen ol jaýy kireýine alar. Ol bu ada öwrenişmeli bolar. Ol özi hakda edil Tarik Jamil hökmünde pikir etmelidir. Oňa ýerlikli rowaýat gerek. Aeroportyň zalynda märekäniň içinden zordan geçip, ol wiza üçin töledi we aeroportdan birnäçe kilometr aralykdaky «Şeratona» taksili gitdi. Ol şol ýerde otag aljak däl, oňa ýöne birnäçe sagatlyk saklanyp, dogany bilen aragatnaşygy saklamak, biraz garbanyp, indiki ädimlerini oýlap bileri ýaly ýer gerek. Biznes-merkezde ol hyzmatçyny tapdy. — Agşamyňyz haýyr — diýip, hyzmatçy ýüzlendi. — Men kömek edip bilerinmi? — Men kompýuteri kireýine almak isleýärin. — Siz biziň myhmanhanamyzda saklandyňyzmy? — Ýok, emma bu ýerde meniň duşuşygym bellenilen, men bolsa özümiň el kompýuterimi almandyryn, şu wagt bolsa hökman poçtamy barlamalydyryn. — Bolýar — diýip, klerk aýtdy. — Siz näçe wagtlyk kompýuter almakçy? — Belki, bir sagatlyk. — Bolýar, ser. Şu resminamany dolduryň. Siziň adyňyz? — Tarik Jamil. — Jenap Tarik, siz giriş kartoçkasyny satyn almalysyňyz. — Onuň bahasy näçe? — Bir sagatlygy — 45 funt. — Siz «Visa» kartasyny kabul edýärsiňizmi? Birnäçe minutdan soň Tarik pyrtykal şiresini içip, zalyň burçunda otyrdy. Ol Internete girip, habarlar bilen çalyşmak sistemasyny açdy. — Rami, sen şu ýerdemiň?.. Bu men, Tarik… Men bireýýäm öz ýerimde. Biraz wagtdan soň ekranda jogap peýda boldy: — Hudaýa şükür… Seniň ýagdaýlaryň oňatmy? — Hawa, oňat gelip düşdüm… Jaý bilen nähili? — Boljak. — Ýagny…? — Men bir jaý tapdym, emma ol ýerde biraz wagtlap hiç kim ýaşamandyr… Jaýyň hojaýyny bu jaýy tertibe getirmelidigi hakynda aýdýar we eger bu seni kanagatlandyrýan bolsa, sen şu gün ony eýeläp bilersiň. — Ol ýerde näme etmeli? — Arassalamak, reňklemek, bir zatlary bejermek — bilmeýärin, men ony görmedim. — Ol nirede ýerleşen? — Geliopolisde, aeroportyň ýanynda. — Gaty oňat… Men şu wagt «Şeratonda». — Islän wagtyň hojaýyn seni jaýda garşy alyp biler. Meniň pikirimçe, ol jaýyny duş gelene bermäge taýyn. — Tölegi — her aýlaýynmy? — Ýok — diýip, Rami ýazdy. — Ol azyndan ýarym ýyllyk tabşyrjak. — Oňa şeýle diý, ýagny biz bir aý üçin dessine töläris, emma jaýy tä bejerýänçä, hiç hili resminamalara gol çekmeris, şondan soň biz alty aý hakynda pikirleneris. — Bolýar. Ýene näme? — Men Monte-Karloda seniň işiň bilen kimiň meşgullanýandygyny bildim. — Kim? — Olar iki adam… biri — Žan-Klod Goddar… Nissede doglup, Monakoda ulalan… 36 ýaşynda… uly detektiw… paýhasly… oňat abraýly, hormata eýe… öýlenen, bir gyzy bar. Beýlekisi — Marsel Lemýe… 62 ýaşynda… Grenoblda doglup, Normandiýada ulalan. Häzir Parižde öldürme işlerini alyp barýan bölümiň baş detektiwi… ýurtda iň oňat detektiw hasaplanylýar… käbirleriň pikirleriçe — Ýewropanyň inspektorlarynyň iň oňatlarynyň biri. Birnäçe uly işleriň üstüni açan… iki gezek aýrylyşan…çagalary ýok. — Olaryň haýsysy Monako giden? — Sen nireden bilýärsiň? — Duýgularym. — Lemýe — hut şu wagtyň özünde baryp düşmeli. — Goddar näme? — Ol bu ýere gelýär, Marwan, meni sorag etmek üçin. — Degişýärsiň. — Eger degişsedim. — Ol ýerden git, olaryň seni tapmaklary, hiç bolmanda, şu wagt tapmaklary gerek däl. — Başarmaryn, Marwan. Men şu wagt ähli işlere ýolbaşçylyk edýärin. — Ýolda ýolbaşçylyk et, sen öňler şeýle edipdiň. — Onsoň men nirä gideýin? — Biziň adamlarymyz Yrakdaky «Eskon-Mobiliň» işgärlerini goramak bilen meşgullanýarlar… — Sen asla däli bolduňmy? — diýip, Rami ýazdy. — Monte-Karlodan bolan bir poliseý bilen duşuşmazlygym üçin Yrakdan gitmelidirinmi? — Hawa — diýip, Tarik jogap berdi. — Eger Goddar seni tapyp, islänine ýetip bilse, ol seni adalatlygy amala aşyrmaklyga päsgel bermede we işiň alnyp barlyşyny kynlaşdyrmada günäkärlär. Ol seni ele salyp, ýurtdan kowar. Seniň bilen näme bolup biljekdigini ýeke Hudaý bilýär… Muňa ýol bermek bolmaz. — Eger Goddar meniň yzym bilen Bagdada gitse näme? — Gitmez — diýip, Tarik ýazdy. — Öz janyny howp astynda galdyrmagy ol islemez. 21 Iki günläp Tarik Jamil otagyndan çykmady. Onuň gyzgyny entegem ýokarydy, emma onuň anyk näçä barabardygyny ol gradusniksiz kesgitläp bilmeýärdi. Onda lukmany, üstesine-de, dükany gözlemäge asla güýji ýokdy. Ol iýmek islemeýärdi, diňe «Şeratondan» getiren suwuny içýärdi. Ol suw balansyny dikeltmäge synanyşýardy, Raniýanyň keselhanadan alyp, onuň goştorbasyna salan antibiotikleri we beýleki dermanlary içýärdi. Rami jaý babatda mamlady. Ol uludy, onuň özüne gerek bolanyndan hem has uludy: onda üç ýatylýan otag, üç ýuwunýan otag we ullakan myhmanhana otagy bardy. Emma ony «tertibe» getirmeklik gaty ýumşak aýdylypdy. 50-60-njy ýyllarda bu jaý kaşaň bolan bolsa gerek, emma şondan soň kimdir biriniň ony arassalandygyna Tarik şübhelenýärdi. Tozan bar zatlaryň üstlerini örtüp durdy, aşhana stoly bilen şkafjyklar ýagyň gaty bilen örtülendi. Üç duşuň ikisi işlemeýärdi. Üç hajathanalaryň ikisi suw akdyrýardy. Aşhanada rakowina döwlendi. Demojak işlemeýärdi. Gaz plitasynyň dört konforkasyndan diňe biri işleýärdi. Gijelerine gaty sowuk bolýardy, emma ýyladyş enjamyny Tarik hiç-de düzedip bilmedi. Mebeller hem oňat däldi. Diwarlarda kän suratlar bardy, olaryň arasynda «Jokonda» we Tarigiň atlandyryşy ýaly, «Duşmançylykly duran ispan aýalyň» uly suraty çekilendi. Aşhanada iki sany birmeňzeş suratlar, çilim çekip duran oglanjyklaryň suratlary, koridorda bolsa, dört sany pişikleriň ullakan suraty bardy. Olaryň biriniň tumşugyny kimdir biri deşipdir. Myhmanhana otagynda adam-aždarhalaryň ullakan bürünçden ýasalan keşpleri bardy, barda bolsa haýwanlaryň ullakan suratlary asylgydy. Bary tozana bürenendi. Emma munuň hiç hili manysy ýokdy, barybir lampalaryň köpüsi ýanmaýardy we hatda gündiz hem hiç zat görünmeýärdi. Jaýyň hojaýyny baryny tertibe getirip, hemme zady çalt bejermekligi wada beripdi, emma Tarigiň dynç alyp bilmegi üçin hiç kimiň hiç zady arassalaman, gerek bolmadyk sesleri etmegi birnäçe günüň içinde gerek däldi. Ol duşenbe güne çenli işçileri ibermezligi haýyş etdi. Häzir bolsa onuň ýatyp bileri ýaly diňe galyň ýorgan, arassa ýassyk we diwan gerekdi. Birinji ikisini tapman, ol myhmanhana otagyndaky diwandan kanagatlanmaly boldy, ol oňa özüni atdy-da, bütin bir günläp uklady. Emma üçünji gün diýende ony gapynyň kakylýan sesi turuzdy. Özi duýman, Tarik elini sapança tarap uzatdy, emma öz ýanynda onuň ýokdugyny ýadyna saldy. Ol sagada seretdi. Günüň ýarydy, emma penjireler perdeler bilen ýapykdy, lampalar bolsa köýendi we jaýyň içi garaňkydy. Gapy kakylmasy ýene gaýtalandy, bu gezek has gatyrak. Tarigiň pulsy güýçlendi. Hiç kim onuň Kairdedigini, üstesine-de, Geliopolisdedigini bilmeýär we şu gün penşenbe, işçiler üçin bolsa ir. Emma gapynyň kakylyşy güýçlendi. Ýerinden turup, Tarik eline lampany aldy we sessiz gapa ýakynlaşdy. Ony yzarladymykalar? Eger hawa bolsa, onda näme üçin gapyny kakýarlar? Ol elindäki lampany gysdy. Ol hüjüm etjekler üçin kän howpy döretmeýär, emma ol uruşsyz boýun bolmaz. Ol gapynyň seretmek üçin niýetlenen deşijegine seretdi-de, özüniň dem almagyna rugsat berdi. Bu elindäki bir petde ullakan gutuly «Federal Express» kompaniýasynyň hat gatnadyjysydy. Ol gapyny açyp, haty getireniň ýüzünde geň galmany gördi. — Siz Tarik Jamilmi? — diýip, ol sorady. — Hawa — diýip aýtdy-da, Marwan özüniň elhenç görünýändigine düşündi, ol sakgalyny syrmandy, ýuwunmandy we atyşyk döwründen bäri geýimlerini çalyşmandy. — Şu ýerde gol çekiň. Tarik gol çekdi, hat gatnadyja çaý puluny berip, gutulary aldy. Hawa, olaryň hemmesi Beýrutdan iberilendi. Ol edil çaganyň doglan gününde sowgady açyşy ýaly edip, birinji gutyny açdy. Içinde akkumulýatorly, zarýadlaýjyly we ulanyş düzgünnamaly täzeje el telefony, birnäçe güne ýeter ýaly 10 müň müsür funty, «Tarik Jamil, Aý-Si-Ti Konsalting, Brýussel, Belgiýanyň Dolandyryjysy» diýen ýazgyly, web-sahypaly, elektron poçta salgyly we brýussel poçta salgyly we telefon nomerli wizit kartoçkalarynyň bir petdesi bardy. Tarik el telefony boýunça nomeri aýlady. — Biz siziň «Aý-Si-Ti Konsalting» kompaniýasyna jaň edendigiňiz üçin minnetdardyrys», — diýip, awtojogapça ýazylan fransuz dilinde gürleýän aýal sesi jogap berdi. — Biz şu wagt size jogap berip bilmeýäris. Öz adyňyzy, telefon nomeriňizi we habaryňyzy galdyrmagyňyzy haýyş edýäris we biz başaran wagtymyz siziň bilen habarlaşarys. Onsoň hut şu sözler iňlis we nemes dilinde gaýtalandy. Rami bary hakda alada edipdi. Tarik indiki gutyny açdy we ullakan deriden ýasalan portfeli çykardy. Ony açyp, içinde gurnalan üpjünçilik programmaly we gerek bolan goşlary bilen bile «Dell Latitude D800» kysymly täzeje el kompýuterini tapdy. Onuň aşagynda birnäçe jinsi, jalbar, köýnekler, joraplar, içgi geýimler, päki we ýuwunmak üçin gerek bolan diş çotgasy, pasta, sabyn we şuňa meňzeş zatlar bardy. Ony üçünji gutynyň içindäkiler haýran galdyrdy. Iň ýokarsynda täzeje owadan sanly teleradiopriýomnigi bardy. Rami onuň täzeliklere, ilki bilen özüniň yzarlanmagynyň neneň gidýändigi bilen habarly bolmagyny islän bolsa gerek. Aşakda Kairiň kartasy, şäherdäki kompýuter konsalting kompaniýalarynyň sanawy, şeýle-de, Müsürde kompýuter senagatynyň ösüşi baradaky Internetden alnyp, çap edilen makalalar bardy. Bularyň bary Marwanyň täze rowaýatyny goldamaga kömek etmelidi. 22 Tarik Jamil özüniň kiçi doganyny Bagdada iberýändigi üçin, birden özüni günäkär duýdy. Çünki Rami özüni nähili alyp barmalydygyny bilýärdi we hiç haçan hem öz doganyny ne Goddara, ne-de başga birine satmazdy. Ol fiziki agyryny duýýan ýalydy. Eger Rami Yrakda aradan çykaýsa, ol hiç haçan hem özüne muny bagyşlamaz. Bu beladan hökman çykalga tapmaly we gaty çalt. Ol kompýuteri işledip, Internete sepleşdi. Ol Remziniň maşgalasy hakynda täze maglumat gözläp başlady. Garaşylyşy ýaly, ýewropa we müsür köpçülikleýin habar serişdeleri Rafigiň we Brigittanyň ölümi we Klodettiň ogurlanyşy hakynda jikme-jik gürrüň berýärdiler. Hemme ýerde ganhor hökmünde agtarylýan Marwan Akkadyň suratlary hem bardy. Belki-de, ol Kaire gelip, ýalňyşlyk edendir, emma ol özünde saýlawyň bolmandygyna ynanmagyny dowam etdirýärdi. Iň täze maglumat «Le Mondedäki» gürrüňdi. Ol Monte-Karlodaky adam öldürmäniň öňünden gelen wakalaryň jikme-jikleri hakynda, şol sanda Klodettiň ýiten gününiň ertesi Berlinden «Di Eýç El» boýunça Remziniň Pariždäki jaýynyň salgysyna gelen töleg talaby hakynda hem jikme-jik gürrüň berýärdi. Şweýsariýadaky bankyň hasaby getirilendi, «eger jenap Remzi öz aýalyny diri görmek islese», onda 24 sagadyň içinde ol bu hasaba 1 million ýewro geçirmelidi, hut muny hem Remzi edipdi. «Birnäçe günden soň, Remzi «Di Eýç El» boýunça Brusselden bukja alýar — diýip, «Le Monde» gürrüň berýärdi. Onuň içinde wideokasseta bardy, onda hanym Remzi daňylgydy we agzynda dyky bardy, emma diridi. Şeýle-de, bukjanyň içinde 10 million ýewro tölemek talaby hakda ýazgy we hanym Remzini öldürip, ýazgysyny internet boýunça görkezmek haýbatly ýazgy hem bardy. Jenap Remzi 72 sagadyň içinde pullary geçirmelidi, onsoň Brussele gelip, soňky görkezmelere garaşmalydy». Soň jenap Remziniň myhmanhanasynda «gol çekilmedik bukjanyň» galdyrylandygy, onuň içinde aýalynyň suratynyň, 25 million ýewro tölemek talabynyň we pullaryň doly tölenilen şertinde bir hepdeden soň hanym Remzini Madridiň niresinde tapyp boljakdygy hakyndaky jikme-jik düşündirişler bardy. Bularyň bary hakykata laýyk gelýärdi. Hut şonuň üçinem Rafik Remzi ony hakyna tutupdy. Indiki setir howsala salýardy: «Bu elhenç jenaýatyň arkasynda Liwanda ýerleşen gorag firmasynyň baş iş dolandyryjysy bolan Marwan Akkadyň durandygyny polisiýa hasaplaýar. Işiň derňewine ýakyn bolan çeşmeler jenap Akkadyň bu işe gatnaşandygyny tassyklaýan delilnamalaryň bardygyny we onuň jenaýat ýerinden gaçyp, entek gaçyp ýörändigini habar berýärler. Beýrutdaky «Akkad we hyzmatdaşlar» edarasyna edilen jaňlara hiç kim jogap bermeýär, emma jenap Akkadyň gözlegi az wagtlap-da saklanmaýar». Birden ýene-de gapyny kakdylar — ilki ýuwaşja, soň gaty. Tarik duran ýerinde doňup galdy. Bu indi FedEx-iň hat gatnadyjysy däldi. Onda kim? Ol çaltlyk bilen sapançasyny oklady we gapa ýakyn bardy. Gapynyň seredilýän deşiginden göreni ony geň galdyrdy. Gapynyň agzynda ýigrimi ýaşlary töweregindäki üç sany owadan aýallar durdular. Ortadakysy elinde ir-iýmişler bilen süýjüli sebedi tutup durdy. Aňk-taňk bolup, ol sapançany jalbarynyň yzky jübüsine gizläp, köýnegi bilen ýapdy. Onsoň ol gapyny çalaja açyp, şeýle diýdi: — Ertiriňiz haýyr. Sag tarapdaky gyz ýylgyrdy, çep tarapdakysy bolsa utançly güldi. Ortadakysy bolsa söze başlady. — Ertiriňiz haýyr, meniň adym Daliýa — Daliýa Nur. Bular meniň joralarym, Dina we Merwat. Biz siziň ýokaryňyzdaky otagda ýaşaýarys we siziň nädip gelendigiňizi eşitdik. Näme etmelidigini Tarik bilmedi. — Siziň bilen tanyş bolandygyma şat, Daliýe, gyzlar. Men siziň üçin näme edip bilerin? — Biz siziň bilen ýöne tanyşmak isledik, we jemgyýetçilik toparynyň adyndan şu uly bolmadyk sowgady bermek isledik — diýip, Daliýa aýtdy. Şeýle diýip, ol sebedi uzatdy we ony Tarik minnetdarlyk bilen kabul etdi. Ol özüni Daliýanyň gaty özüne çekendigini aýan etdi, onuň ýüzi gaty mähirlidi, güleninde bolsa, gözlerinde otjagaz peýda bolýardy. Ol ýewpoly kimin geýnendi we maddy ýagdaýynyň çäkli däldigi görnüp durdy. Ol näzik we ýumşak ýüň matadan edilen switerlidi. Gara jinsisi bilen gaty döwrebap köwşi Kair ýa-da Aleksandriýadan däl-de, Londandan ýa-da Pariždendi. Beýleki gyzlarda kän ýüzükler, halkalar we monjuklar bardy, Daliýada bolsa diňe göwherli kiçijik altyn gulakhalka bilen Kartýeden bolana meňzeýän altyn el sagady bardy. — Siz tarapdan gaty mylakatly — diýip, Tarik Daliýa seretmegini dowam etdirip aýtdy. — Taňry ýalkasyn. — Baş üstüne — diýip, Daliýa jogap berdi we şol pursat gözlerinde bir zatlar çaltlyk bilen üýtgedi. Belki-de, edil özüniň Tarigi özüne çekişi ýaly, Tarik hem ony özüne çekendir. Ýa-da ýokary gyzgyn onuň bilen şeýle degişýärmikä? Ol gyzlaryň gitjek bolýandyklaryny duýdy we özüniň neneň erbet görünýändigini ýadyna saldy. — Men sizi getiren şu näz-nygmatlaryňyzy çaý başynda paýlaşmaga çagyrjakdym — diýip, ol gürrüňi ýene birnäçe minut çekip bolmazmyka diýip oýlanyp aýtdy. — Emma meniň otagym şu wagt özümden hem beter görünýär diýip gorkýaryn. Bu Daliýa bilen Dinada gülki döretdi, Merwat bolsa ýene-de kikirdäp güldi. — Zyýany ýok, biz barybir galyp bilmerdik, ýöne biz sizi şu gün agşamky üçekdäki uly bolmadyk oturlyşyga çagyrmak isleýäris — diýip, Daliýa aýtdy. — Başlaýan wagty — dokuzda we sizden diňe özüňiziň şol ýerde bolmagyňyz talap edilýär — ýöne arassa köýnekli diýäýmeseň. Tarik teklibi kabul etmek isledi. Bu aýalda bir zat ony geň galdyrdy. Emma ol gyzlar bilen şatlanmagyň deregine, islendik ýerde görünmeli däl, özüni ýuwaş we seresap alyp barmaly. Emma ol nädip ýok diýip biler? Eger ol ýok diýse, ähli goňşulary terbiýesiz täze ýaşaýjy hakynda gürrüň ederler, artyk gürrüňler bolsa oňa asla gerek däldi. — Höwes bilen, siziň üçin men arassa köýnek hem taparyn. — diýip, ahyrsoňy ol aýtdy. 23 Inspektor Goddar hiç bir netijä eýe bolup bilmedi. Beýruta gelip, ol «Akkad we hyzmatdaşlar» firmasynda hiç kimi tapyp bilmedi. Kabulhanadaky ýeke gulluk edýän aýal Marwanyň gelmändigini we onuň nirededigini bilmeýändigini, gynansa-da, Raminiň Bagdada gidip, indi haçan dolanyp geljekdiginiň nämälimdigini aýtdy. Işgärleriň galanlarynyň bary işleri boýunça bütin Ýakyn Gündogara ýaýrapdylar. Goddar özüni tapyp boljak nomeri galdyrdy we Skelet bilen habarlaşmak üçin myhmanhana dolanyp geldi. Ol Marokkonyň Rabatyndaky «Hiltona» jaň etdi we onuň uly netijelere ýetendigini bilmäge şat boldy. Aeroportyň syn ediş kameralary Jek Kardelliň «Roýal Er Marok» reýsi bilen gelip, kireýne maşyn alandygyny görkezdi. Kasablankanyň polisiýasy onuň gözleginde, emma entek netijesiz. Ýöne Marokkonyň razwedkaçylyk gullugy Marwan Akkadyň ýurtda bary-ýogy iki gezek bolandygyny, iki gezek hem Liwanyň premýer-ministrini gorandygyny we onuň Marokkodaky tanyşlary hakynda hiç zat bilmeýändigini habar berdi. Olar özlerinde nähilidir bir Jek Kardelliň bardygy hakynda hem hiç hili maglumata eýe däldiler. Şu wagt Lemýe çykalgasyz ýagdaýda galýardy. — Marwanyň Marokko gelmäge sebäbi bolmalydyr — diýip, Lemýe ses bilen oýlanyp aýtdy. Ol biziň yzyna düşjekdigimizi we uzak wagtlap Kardell bolup galyp bilmejekdigini bilýär. Onuň ýanynda kän puluň ýokdugyny biz bilýäris. Ol kimdir biri bilen duşuşaýmalydy. — Marselde žandarma ol tanyş gyzynyňkyda galjakdygyny aýdypdy, — diýip, Goddar pikirlendi. — Bu onuň rowaýatynyň bir böleginden başga zat däl — diýip, Lemje jogap berdi. — Belki-de — diýip, Goddar aýtdy, eger bu hakykat bolsa näme? — Men diýdim ahyryn — diýip, Lemýe öz deýeninde berk durdy. Marwanyň soňky ýyllarda bu ýerde bolandygy hakynda, munuň üstesine-de, gyz bilen duşuşandygy hakynda hiç hili maglumatlar ýok. — Eger ol şol gyz bilen öňden tanyş bolan bolsa näme? — diýip, Goddar sözüni dowam etdirdi, — onsoňam ol gyz Marokko ýaňy-ýakynda göçen bolsa näme? — Gürrüňiňizi dowam etdiriberiň — diýip, Lemýe biraz arakesmeden soň gyzyklanyp aýtdy. — Onuň ýanynda nika ýüzügi bardy, şeýle dälmi? — diýip, Goddar sorady. — Hawa, bardy. — Eger bu diňe rowaýat bolýan bolsa, onda jikme-jikler gaty kän dälmi? Lemýe Goddardan galmak islemeýärdi. — Olar nirede tanşyp bilerdiler? — diýip, fransuz sorady. — Beýrutdamy? — Mümkin — diýip, Goddar jogap berdi. — Emma maňa mälim bolşy ýaly, soňky ýarym ýylyň içinde Marwan bütin Ýewropa Birleşigi boýunça işi Pariždäki uly bolmadyk iş ýerinden alyp barýardy. — Ol gyzy bilen şol ýerde tanyş bolandyr öýdýärsiňizmi? — Mümkin. — Onuň doganyndan soraň — diýip, Lemýe buýruk berdi. Muny näme üçin edip bolmaýandygyny Goddar düşündirdi. — Siz gelen günüňiz Rami Akkadyň Bagdada gidendigini aýtmak isleýärsiňizmi? — diýip, Lemýe sorady. — Bu dogrudanam geň görnüp bilýändir — diýip, Goddar aýtdy, — emma gullukçy aýal Raminiň dört hepdäniň üçüsini onuň başga şäherlerde bolýandygyny aýtdy. — Soňky syýahaty haçana planlaşdyrylan eken? — diýip, Lemýe sorady. — Onuň gerekliginiň wajyplygynyň birden peýda bolandygyny ol aýal aýtdy. — Elbetde — diýip, Lemýe aýtdy. — Onuň ýanyna ýene baryň. Ol aýala Marwan Akkadyň şahsyýeti hakynda nämäniň mälimdigini biliň. Onsoň dessine meniň bilen habarlaşyň. 24 Tarik özüniň oturlyşykda soňky gezek haçan bolandygyny bilmeýärdi. Onuň durmuşy işe şeýle bir bagyş edilipdi welin, munuň üstesine-de, şeýle howply işe, ýagny onda tanyş adamlary bilen gürrüňdeşlik üçin däl-de, hatda rugsatlar üçin hem ýer ýokdy. Emma ol agşama sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny özüne boýun aldy. Ýuwunmak aňsat iş däldi, çünki ýarasy entegem özi hakda ýatladýardy. Emma antibiotikler öz täsirini ýetirdi. Ol özüni oňat duýup başlady. Ol özüne işdäniň dolanyp gelendigini duýdy. Ol Daliýanyň getiren ullakan pyrtykal böleklerini iýdi. Daliýa Nur. Aýnanyň alnynda sakgalyny syryp, ol bu gyzyň ýüzüni ýatlady. Ol kim? Onuň durmuşy nähilikä? Onuň barmagynda nika ýüzügi ýokdy. Şeýle owadanja gyzyň ýeke bolmagy mümkinmikä? Pikirinde iberen zatlary üçin Rami doganyna minnetdarlyk aýdyp, Tarik geýindi we üçegiň meýdançasyna galdyrgyç bilen galdy we ol ýerde 30 ýaşyna çenli bolanlaryň ýigrimisini gördi. Olar gürleşýärdiler, gülüşýärdiler we tans edýärdiler. Uly dinamiklerden Amro Diýabanyň soňky albomlarynyň biri eşidilýärdi. Birnäçe stollarda ýeňildamaklar, pahlawa, içlekliler goýlandy, burçda bolsa bar bardy, bu ýerde içgileri satyn alyp bolardy. Içgileriň bardygy we olaryň yslary ony rahatlandyrdy. Bu dindar adamlar däl we bu oňat diýip, Tarik oýlandy. Raniýa we onuň özi bilen geçen hepdedäki bolup geçen wakalardan soň ol Hudaý hakda pikir etmek hem islemeýärdi, Ol hakda okamak-da islemeýärdi, bulary isleýänleriň arasynda bolmaga-da islegi ýokdy. Ol özüne iki sany piwo satyn aldy. Ol başdan geçirmelerden uky arkaly azat bolmaga synanyşypdy. Indi beýleki serişdeleri hem synap görse bolar. Kimdir biri onuň egninden tutdy. — Owadan köýnek — diýip, mähirli ses aýtdy. Ol yzyna öwrülip, özüne Daliýanyň ýylgyrýandygyny gördi. — Siz täze köýnek geýipsiňiz — diýip, gyz näz edýärdi, emma onuň marihuananyň täsiri astyndadygy hem aýdyň görnüp durdy. Ol ýene bir gezek sorup, çilimi oňa hem teklip etdi. Tarik ejesiniň näme diýjekdigi hakynda oýlandy, emma bu pikiri çalt kowdy. Şu gün ol ähli agyr duýgulardan azat bolmaly. Geçmişi ýatdan çykaryp, durmuşy täzeden başlamaly. — Sag boluň — diýip, ol marihuanaly çilimi gyzyň näzik ellerinden alyp, sorup başlady. Nähili dabara mynasybetli? — Şu gün penşenbe. — Bolanynda näme? — Dynç günlerinden lezzet almaly wagt. — Siz muny her penşenbe güni agşamda edýärsiňiz. — Käbirleri edýärler. — Siz? — Men käwagtlar tansa ýa-da kino gitmegi saýlaýaryn. — Şu gün näme? — Siziň gelip-gelmejekdigiňizi bilmek meniň üçin gyzykly boldy. — Siz meniň gelmejekdigim hakynda oýlandyňyzmy? — Eger dogrusyny aýtsam, onda hawa. — Näme üçin? — Bilmeýärin — diýip, Daliýa aýtdy. Siz mende ýekemen adamyň täsirini galdyrdyňyz. Tarik edil ýeňilendigini boýun alýan ýaly edip elini galdyrdy. — Günäkär. — Şeýlemi? — diýip, Daliýa güldi we kelpeňlik bilen elini onuň kükregine goýdy we oňa berk gysylyp, ondan sorady: — Siz ýene nämede günäkär? Sorag Daliýanyň oýlap bileninden hem beter agyryly boldy. — Hemme zatda diýen ýaly — diýip, Tarik ýuwaşja jogap berdi. — Yzyma düşüň, men size bir zat görkezmek isleýärin — diýip, gyz aýtdy. Onuň elinden tutup, Daliýa Tarigi bütin märekäniň içinden amatlyja baga alyp bardy, bu ýerden Geliopolisiň we uçup gonýan uçarlaryň ýanyp öçýän çyralary görünýärdi. — Gaty owadan — diýip, Tarik aýtdy. — Hawa — diýip, Daliýa hem aýtdy we olar görnüşden keýplenip, ýekelikde seslerini çykarman durdular. — Siziň adyňyz kim, erbet oglanjyk? — diýip, Daliýa ümsünligi böldi. — Tarik. — Tarik kim? — Tarik Jamil. — Siziň taryhyňyz nähili, Tarik Jamil? — diýip, Daliýa sorady. Kim siz we bu ýerde näme işleýärsiňiz? Eger bütin hakykaty gürrüň beräýse, onda Daliýanyň owadanja gözleriniň nähili boljakdygyny Tarik göz öňüne getirdi. — Men maslahatçy — diýip, Tarik piwodan bir owurtlap aýtdy. — Näme boýunça maslahatçy? — diýip, Daliýa gyzyklandy. — Kompýuterler boýunça. — Neneň bu gyzyksyz. — Bu hut şeýledir. — Siz nireden? — Hemme ýerden — diýip, Tarik jogap berdi. — Soňky bäş ýylyň içinde men köp wagtymy Ýewropada ýaşadym. — Hakykatdanmy? — diýip, Daliýa gyzyklanyp sorady. — Mysal üçin, nirede? — Madridde, Parižde, Berlinde — islendik ýerde. Emma meniň kompaniýam Brýusselde ýerleşýär. — Men Pariži halaýaryn — diýip, Daliýa biznesiň jikme-jiklerine üns bermän aýtdy we munuň üçin Tarik oňa gaty minnetdardy, aýtarynam baharda, haçanda howa şeýle bir arassa we ýakymly bolanynda, güller gülläninde we köçeler söýgülilerden doly bolanynda. — Siz ol ýerde ulaldyňyzmy? — diýip, Tarik piwosyny içip sorady. — Ýok, Iordanda — diýip, Daliýa jogap berdi. — Emma men «Britiş Erweýziň» ýolçusy we käwagtlar men Pariže bolan reýsde kimdir birini çalyşýaryn. — Siziň işiňiz lezzet berýän bolsa gerek. — Käwagtlar — diýip, Daliýa gaýgylanyp aýtdy. — Emma… — Emma şahsy durmuş edinmek kyn. — Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz? — Meniň diýýänim, haçanda sizi işe alanlarynda diňe bir iňlisler däl-de, eýsem, ähli kompaniýalar, size mugt syýahat etmegi, dünýäni görmegi we şuňa meňzeşleri wada berýärler. Emma iş ýüzünde bolsa siz elhenç ýagdaýda işleýärsiňiz. Siz hemişe eliňiz çemodanly. Haçanda siz ukudan oýananyňyzda, özüňiziň nirededigiňizi bilmeýärsiňiz. Siz öýüňiziň nämedigini bilmeýärsiňiz. Öz işdeşleriňden başga biri bilen dostlaşmak gaty kyn. Hawa, siz uçarmanlaryň birine aşyk bolup bilersiňiz, olaryň hemmesi bolsa öýlenen, ýa-da ýolçy gyza, olaryň hemmesi bolsa bihaýa gyzlar (ýagny, diňe gyzlardan lezzet alýarlar)… Emma näme etmeli, bu hünär pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle diýip, Daliýa çilimini sordy. — Dina bilen Merwat näme? — diýip, Tarik sorady. — Siz joralar ahyryn? — Asla beýle däl. — Bu näme diýdigiňiz? — Ýok, maňa nädogry düşünmäň — diýip, Daliýa aýtdy. — Olar gaty oňat gyzlar we men olar üçin islendik zady ederin, edil olaryň hem men üçin edişleri ýaly. Emma biz bir-birimizi kän oňat bilmeýäris. Biz ýöne bilelikde otagy kireýne alýarys, çünki aýry-aýry otag almak biziň üçin gaty gymmat düşýär. Mundan başga-da, olaryň ikisi-de «Er Fransda» işleýärler we biz gaty seýrek duşuşýarys. Olaryň ikisini-de Nýu-Ýorka geçirdiler. Indi biz hiç-de görüşmeris. — Hawa, gynanýaryn. — Durmuş şeýle — diýip, Daliýa uludan demini aldy. — Onda günäkärler üçin rahatlanma ýok. — Näme üçin siz başga bir iş bilen meşgullanmaýarsyňyz? — diýip, Tarik sorady. — Mysal üçin, näme bilen? Kompýuterleri satmak bilenmi? — Bu hem ýaşaýyş üçin pul gazanmaga mümkinçilik berýär. — Size şeýle iş ýaraýarmy? — Çydap bolýar — diýip, Tarik aýtdy. — Siziň aýdyşyňyz ýaly, men ýekemen. Meniň üçin bu iş oňat. Emma siz ýaly adam üçin başga bir zat gerek öýdýärin. — Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz? — Siz ýakymly, owadan, açyk, durmuşdan doly gyzsyňyz we size nämedir oňat zat gerek. Daliýa yzyna öwrülip, kellesini gapdala burdy-da, göni onuň gözlerine seretdi. — Siz meni owadan hasaplaýarsyňyzmy? — Onda men näme üçin oturlyşyga geldim öýdýärsiňiz? Tarik egildi-de, mähir bilen ogşady. Daliýa dessine jogap berdi we onuň garaşmadyk güýji bilen. Olaryň üstlerinden «Boing 747» uçary gonmak üçin gaty ses bilen geçip gitdi. Tarik özüniň boýun towlap bilmejek teklibini Daliýadan eşitdi. — Dina bilen Merwat oturlyşykdan soň dessine aeroporta gidýärler — diýip, Tarigiň ogşanyndan soň Daliýa ýuwaşja aýtdy, — şu gün otag meniň eýeçiligimde galýar. Bu mümkinmikä? Tarik gyzgynynyň ýene-de galýandygyny duýdy. — Maňa goşulyşmak isleýärsiňizmi? — diýip, gyz Tarigiň şu wagta çenli eşidip görmedik maýyl ediji ses bilen aýtdy. Ol muny gaty isleýärdi, emma ony iki zat gününe goýmaýardy, Raniýa we egnindäki gaty agyryly ýara. Ol bu pikirleri kowdy. Raniýa bilen bary gutardy, ol bu hakda göni we anyk aýtdy. Durmuş dowam edýär we Tarik bu durmuşdan ýene-de hezillik alyp biler. Ikinji böwet kynrak, nähilidir bir düşündiriş oýlap tapmaly bolar. Emma owadan we muňa maýyl bolan gyz bilen gijäni geçirmäge oňa hiç zat päsgel berip bilmez. — Gaty isleýärin — diýip, ol pyşyrdy bilen jogap berdi we Daliýa onuň eline açary tutdurdy. — 901-nji jaý — diýip, Daliýa aýtdy. — Şu ýerde biraz garaşyň, 10 minutdan duşuşarys. Meniň otagym çep tarapdan üçünji. Men gapyny açyp goýaryn. 25 «Akkad we hyzmatdaşlar» edarasy Beýrutdaky Amerikan uniwersitetiniň golaýyndaky uly bolmadyk iş merkezinde ýerleşýärdi we Goddaryň özüniň ikinji gezekki bu ýere gelmeginde pikir edişi ýaly, bu bina özüni esaslandyryjynyň gylyk-häsiýetlerini beýan edýärdi: ol göze ilip durmaýar, Marwan Akkadyň özi ýaly sada we biraz syrly. Gapydaky ýazgy diňe kompaniýanyň adyny görkezýärdi, ol logotipsiz, internet sahypasyz we näme bilen meşgullanylýandygyny görkezmeýärdi. Kabulhananyň mebeli gaty owadandy we hatda ýeterli derejede gymmat bahalydy, emma bu ýerde milliarder müşderilerden gelýän millionlarça pullara görkezer ýaly hiç zat. Diwarlarda suratlardyr heýkeller ýokdy. Diňe ok geçmeýän aýnalar, girelgedäki, koridordaky we holdaky syn ediş kameralary firmanyň näme bilen meşgullanýandygy hakynda gürrüň berýärdi. Emma Marwan bilen Rami tarapdan aýan edilen öňden görüjilige seretmezden, bir gowşak bogun galdyrylypdy — Žasmin Zeýtun. — Ertiriňiz haýyr, hanym Žasmin — diýip, Goddar onuň holdaky oturgyjynda oturyp aýtdy. — Sizi ýene-de görenime şat. Uniwersitetiň owadanja uçurymy bolan Žasmin ýylgyrdy we edil soňky ýyllaryň içinde bolmasa-da, soňky ençeme aýlaryň içinde edara gelen görmegeý erkekleriň birinjisi bolşy ýaly edip, kirpiklerini gypdy. — Hoş geldiňiz, inspektor Goddar — diýip, ol jogap berdi. — Men siziň üçin ýene näme edip bilerin? — Men öýe gaýdyp barýaryn, emma jenap Akkadlar ýa-da olaryň hyzmatdaşlarynyň biri şu gün gelmedimikä diýip sizden soramagy makul bildim. — Ýok, gaty gynanýaryn, — diýip, Žasmin edil kömek edip bilmeýändigi üçin gaty gynanýan ýaly edip aýtdy. — Hiç hili täzelik ýok. — Onsoň näme — diýip, Goddar aýtdy, — men ýene bir gezek synanyşmalydym. — Baş üstüne, siziň bilen gürleşmek gaty ýakymly boldy — diýip, gyz jogap berdi. — Sizde meniň nomerim barmy? — Bolýar — diýip, Žasmin stoluň üstünde onuň kartoçkasyny agtaryp, oňa görkezip aýtdy. — Akkadlaryň birinden maglumat alanymda, hökman siziň bilen habarlaşaryn. — Siz gaty mähirli — diýip, Goddar gitmäge taýynlanyp aýtdy. — Hawa, ýene bir zat. — Men sizi diňleýärin. — Marwanyň Pariždäki söýýän gyzy — diýip, Goddar aýtdy, — men onuň bilen gürleşmelidirin, öz barlagymyz bilen bagly bolan birnäçe soraglary oňa bermelidirin. Ony tapyp bilerim ýaly, sizde onuň nomeri ýokmy? — Siz Raniýany göz öňünde tutýarsyňyzmy? — diýip, sada gyz jogap berdi. — Meniň pikirimçe, hanym Fawazy onuň söýýän gyzy diýip hasaplamak gaty dogry bolmaz. Emma Marwanda oňa bolan käbir duýgular bardy, muňa şübhelenip bolmaz. — Duýgular bardy? — diýip, Goddar hanym Žasminden bilýän maglumatlary çekip aljak bolup sorady. — Hawa, jenap, — diýip, iş ýerinde ikilerinden başga hiç kim bolmasa-da, gyz pyşyrdy bilen aýtdy. — Geçen tomusda Marwanyň oňa söz aýdandygy, Raniýanyň bolsa muny terk edip, ýitirim bolandygy hakynda gürrüň edýärler. — Ýitirim bolan? — diýip, Goddar sorady. — Men şeýle eşitdim — diýip, Žasmin birden gaýgylanyp aýtdy. — Bu elhenç bolan bolsa gerek. Indi bolsa bularyň bary. Men jenap Akkad üçin gorkýaryn. Ol gaty oňat adam. 10 minutdan Goddar maşynly aeroporta howlugyp, Skelete jaň etdi. — Onuň ady Raniýa Fawaz — diýip, ol Lemýeniň kän wagtdan soň telefony alanyndan soň aýtdy. — Ol 24 ýaşynda. Şepagat uýasy. Ol bu ýerde ulaldy, emma 10 ýyl mundan ozal Pariže göçüp giden. Emma ol maýda göçüpdir. Marokko. — Siz degişýärsiňiz — diýip, Lemýe aýtdy. — Hiç-de — diýip, Goddar jogap berdi. — Raniýa — Rabatdamy? — diýip, Lemýe sorady. — Dýuwall munuň üstünde işleýär. Men tizden bilerin. — Siz oňat işläpsiňiz, Goddar — diýip aýdanynda, Lemýeniň sesinde soňky günleriň içinde birinji gezek hakyky şatlyk eşidildi. — Sizden oňat detektiw bolup biler. 26 — Tarik, beýleki sürüji hem şeýle çynlakaý heläk boldumy? Tarik soragy eşitdi, emma oňa jogap bermek islemän, edil uklap ýatan ýaly etdi. Emma Daliýa öz soragyny gaýtalady. Biraz wagtdan soň öwrüldi-de, haýallyk bilen gözlerini açdy. Perdelerden daňyň gününiň altyn şöhleleri ýalpyldaýardy. Daliýa jogaba garaşyp, ony berk gujaklady. Tarik ýalana öwrenişipdi we bu onuň üçin problema däldi. Emma özüne nämälim bolan sebäbe görä, şu gün bu gyzy aldamak onuň üçin utançlydy we bu soragdan nädip gaçyp boljakdygyny hem bilmedi. — Hawa, şeýle bolsa gerek diýip gorkýaryn, — diýip, ol ahyrsoňy jogap berdi. — Polisiýa onuň güýçli serhoş bolandygyny aýtdy. Ol ýaňyja oturlyşykdan gelen eken, ünsli bolman, netijede, ine, gümp! Ony men gaýdyp görmedim. Daliýa titräp gitdi. — Sen ölüp bilerdiň. Tarik sesini çykarmady we biraz wagtdan soň şeýle diýdi: — Men bu hakda pikir etmek islemeýärin. Ol aşakdan köýnegini galdyryp, ony geýdi. — Ölüm hakdamy ýa-da çaknyşyk hakda? — diýip, Daliýa sorady. — Hem ol, hem-de beýlekisi hakda — diýip, ýerinden turdy-da, jalbaryny geýdi. — Şonuň üçin seni gije garabasma eýeledimi? — Garabasma? — diýip sorady. Daliýa başyny atdy. — Seniň ýadyňda ýokmy? — Ýok — diýip, ol ýene-de aldady. Tarik näme diýdi? Daliýa näme eşitdi? — Gije sagat üçde — diýip, Daliýa gürrüň berdi. — Sen dişleriňi gyjadyň, iki tarap yrgyldadyň we bir zatlar diýip samyrdadyň. — Anyk näme diýdim? Daliýa ýorgan bilen üstüni ýapdy. — «Ýok, saklanyň, men günäkär däl!» diýen ýaly etdiň. — Men oňat düşünmedim, çünki ukymdan çalaja oýanypdym. — Hudaýa şükür — diýip oýlandy-da, ýene sorady: — Soň näme? — Hiç zat. Sen gapdalyňa öwrüldiň-de, ýene-de ukladyň. Sen hiç zady ýadyňa salyp bilmeýärsiňmi? Ol ýadyna salýardy. Emma oňa hiç gürrüň berip bilmeýärdi. Ol diňe bir şertde diri galyp bilýär, eger iki durmuşy alyp barsa. Ol özüne ýene bir ýalňyşlyk etmäge rugsat berip bilmez. — Ýok, ýadymda ýok. Aşak eglip, ol Daliýany ogşady we şeýle diýdi: — Şu wagt meniň saňa soragym bar. — Aýdyber. — Seniň indiki reýsiň haçan? — Diňe duşenbe agşamynda — diýip, ol jogap berdi. — Näme? — Diýmek, dynç günleri sen boşsuň? — Men Aleksandriýa myhmançylyga gitjekdim. — Dostuňkynamy? — Ýok, joramyňka — diýip, Daliýa ýylgyrdy. — Gezelenjiňi goý. — Näme üçin? — Gel, bu dynç günlerini bile geçireliň. — Onsoň biz näme ederis? — Asla bilemok — diýip, Tarik jogap berdi. — Gel, ertirlik edineliň we bir zatlar oýlap tapalyň, islän zadyňy. — Islän zadymy? — diýip, Daliýa oňa şübhe bilen seretdi. — Islän zadyňy — diýip, Tarik gaýtalady we ol ylalaşar diýip lapykeçlik bilen umyt etdi. Ol hut şu wagt kimdir biri bilen ýakyn gatnaşyklara girip, töwekgelçilik edýändigine düşünýärdi, emma bar zady gözegçilik astynda saklap biljekdigine ynamlydy. Ol özüniň tukat we hapa otagynda ýeke boljakdygyny hatda göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Daliýa owadan, şadyýan we durmuşdan doly we entek ol öz ýanyndaka, ol ne Raniýa, ne-de Goddar bilen Lemýe hakda pikir eder. — Şertleşdik, Tarik Jamil — diýip, ahyrsoňy Daliýa aýtdy. — Gel, syýahatçylar bolan kişi bolalyň. Daliýa Kairde bir ýyldan hem gowrak ýaşapdy, emma şähere hiç-de aýlanmandy. Tarik bu ýerde täze adamdy (Kairde ol Liwanyň premýer-ministri bilen bolupdy, emma özi üçin harçlar ýaly onuň hiç haçan hem wagty bolmady). Ine-de, olar çalt ýuwnup, «Şeratonda» ýeňil ertirlik naharyny edinip, takside Han Al-Halil bazaryna gitdiler we bu ýerde wagtlaryny edil ýaş är-aýallar ýaly geçirdiler. Olar yslardan doly köçelerden ýörediler, gymmat bahaly gadymy döwür goşlary dükanlaryna girdiler, «Nagib Mahfuz Kafede» türkçe kofe içdiler. — Sen Nagib Mahfuzyň haýsydyr bir romanyny okadyňmy? — diýip, diwarlary çym-gyzyl reňkli mata bilen örtülen aýratyn otagda oturanlarynda, Daliýa sorady. Bu ýerde olar çatmanyň içinde gizlenen ýalydy. — Diňe birini — diýip, ol kökäni dişläp jogap berdi. «Lideriň aradan çykan güni». — Bu gaýgyly roman — diýip, Daliýa aýtdy. — Eýsem, onuň ähli romanlary hem gaýgyly dälmi? — diýip, Tarik Daliýadan sorady. — Ýok, hemmesi däl, — diýip, ol jogap berdi. — Olarda maňa söýginiň taryhlary ýarady. «Meniň söýgüli gyzym suwdan çeňňegini çykarýar. Ol boş, emma ol meniň barmagymy deşýär, şu güne çenli saklanyp gelen nyşan galdyrýar. Niliň kenarynyň boýunda, biziň öýümiziň alnynda men onuň hiç bir zada ýaramaýan balykçydygyny aýtdym, emma ol meni tutdy we men gana boýaldym». — Sen meni geň galdyrýarsyň, — diýip Tarik aýtdy. — Mahfuza meni kakam öwretdi — diýip, Daliýa jogap berdi. — Haçanda men kiçi bolanymda, ol uklamazymdan ozal onuň romanlaryny okap berýärdi, hiç bolmanda bir babyny, emma ony yryp bilenimde, käwagtlar köpräk hem okap berýärdi. Haçanda ulalanymda, men özüm olary okap başladym. — Sen hemmesini okadyňmy? — Pýesalarynyň hemmesini däl, ýogsam ähli romanlaryny we gürrüňlerini. Olar gaty jadyly, sen öz durmuşyňdan gidip, başga dünýä aralaşýarsyň. Uzak wagtlap men ulalanymda, ýazyjy boljakdygyma ynamlydym, emma tä bir waswas adamyň Mahfuza pyçakly hüjüm eden gününe çenli. Bu hakda eşidenimde, özümiň nirededigim entegem ýadymda. — Çynyňmy? — diýip, Tarik haýran galdy. — Bu gaty ir, 95-nji ýa-da 96-njy ýylda bolupdy ahyryn? — 1994-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda — diýip, Daliýa aýtdy. — Sen dogrudanam ýadyňdan çykarmansyň. Daliýa öz käsesine seretdi. — Bu meniň doglan günümdi. Meniň 13 ýaşym dolupdy. Men mekdepden geldim we ejem gürrüň berdi. Ilki bilen men ynanmadym we doganyma jaň etdim, ol bolsa munuň hakykatdygyny tassyklady. Men öz otagyma ylgap gidip, gapyny ýapdym we agladym, diňe ertesi gün daňdan çykdym. Ilkinji gezek maňa ýakyn bolan adam ýogalypdy. Men edil babamy ýa-da hatda kakamy ýitiren ýaly boldum. Emma men onuň ýaşajakdygy hakynda eşitdim we şeýle bir şat bolupdym, şeýle bir ýeňilligi duýupdym, edil egnimden agyr ýük düşen ýaly bolupdy we men ýene-de agladym. Dostlarym meni däli hasaplaýardylar, emma meniň üçin barybirdi. Men Mahfuzyň diridigi üçin şatdym we onuň ýene-de ýazmagyny dowam etdirmegi üçin dileg edipdim, ol dogrudan-da ýene ýazdy. Sen şelýe ýagdaýy başyňdan geçiripmidiň, Tarik? Sen öz ýakynlaryňdan birini ýitirdiňmi ýa-da ýitirdim diýip gorkupmydyň? Arasyny daş saklamak üçin, özüne ýakyn bolup, Raniýanyň edişi ýaly öz ýüregini döwmezligi üçin, ýogsa-da, özüniň hakykatda kimdigini bilmegi üçin gyzyklanýan bolaýmasyn diýip, Tarik ýene-de aldamalydygyny duýgusy bilen bilýärdi. Emma ýüregi başga zat diýýärdi (hawa, olar bir-birleri bilen çala tanyşdylar, olar diňe düýn duşuşypdylar) we ol özüniň şeýle jogap berýändigini eşitdi: — Ata-enemi. Men 14 ýaşymdakam, olar aradan çykdylar. Mina goýlan maşyn ýaryldy. Munuň nähili bolandygyny men doganym bilen gördük. Eger-de bizem birnäçe metr ýakynrakda bolsadyk, bizem ýogalardyk. — Wah — Daliýa geň galdyrylypdy. — Men islemedim… men bilmedim… — Aladalanma — diýip, ol ýumşak aýtdy. — Bu gaty ir bolupdy. — Men gaty gynanýaryn. Biraz wagtlap amatsyz ümsümlik dowam etdi. Onsoň Daliýa sorady: — Sen ölümi kän gördüň, şeýle dälmi, Tarik? Ol başyny atmady. Hiç zat diýip jogap bermedi. Jogap bermek isledi, emma başarmady. Daliýa onuň elinden tutdy. Onuň birinji islegi yza çekilmekdi, ol hiç haçan hem biriniň özüne haýpynyň gelmegini islemeýärdi. Emma ol bu gyzyň hem göwnüne degmek islemeýärdi. Mundan başga-da, onuň elleri şeýle bir ýyly, näzik we rahatlandyryjydy welin, ol özüniň pikirleridir duýgularynyň kimdir birini gyzyklandyrandygyny ýadyna salyp bilmeýärdi. — Belki-de, ýene bir ýere gideris — diýip, Tarik biraz wagtdan soň teklip etdi. — Gideliň — diýip, Daliýa jogap berdi. 27 Bir sagatdan olar bir-birleriniň ellerinden tutup, birnäçe sagadyň içinde müňlerçe ýyllary duýmaga synanyşyp, gowaklary ýatladýan Müsür muzeýiniň zaly boýunça gidýärdiler. Daliýa özleriniň sowgat dükanjygynda satyn alan ýol görkezijiden bölekleri okaýardy. — Şu ýerde näçe eksponat bardygyny bilýärsiňmi? — diýip, Daliýa özleriniň hek daşyndan ýonulyp ýasalan patyşa ogly Rahopetiň we onuň aýaly Nofretiň heýkelleriniň, şeýle-de Amenhotep III-ň hazynalarynyň ýanyndan geçenlerinde sorady. — Bilmeýärin — diýip, hiç haçan muzeýleri halap görmedik Tarik jogap berdi, emma şu wagt ol gyzyklanma döretmäge synanyşýardy, çünki Daliýa üçin bularyň bary gaty gyzyklydy. — Takmynan aýt. — Bolýar. Million. — Ýok, çyn aýt, näçe? — Onda ýarym million diýip pikir edýärin. — Gaty gülkünç. 120 müňi goýlan. Ýene 150 müňi saklawhanalarda saklanýar diýýärler. — Bolanymy? — diýip, Tarik ajy sözledi. — Muňa-da muzeý diýilýärmi? Aldawçylyk! — Sen çydar ýaly däl — diýip, ony tirsegi bilen itdi. Sen masgarabaz bolmaly ekeniň. — Dogrudanam — diýip, ol mukallady. — Kompýuterler boýunça dünýädäki birinji masgarabaz-maslahatçy. Näme üçin bu meniň kelläme gelmändir? — Bes et — diýip, Daliýa onuň degişmelerine üns bermän aýtdy. — Gel, Tutuň hazynalaryna seredeliň. Olar basgançaklar boýunça ikinji gata galyp, Tutanhamonyň sergisine girdiler. Ilki bilen olar birwagtlar Luksoryň ýanyndaky Patyşalar Jülgesindäki mazarçylygyň girelgesini goran altynly iki sany gara heýkelleri gördüler. Onsoň olar ullakan çüýşe gaplar içinde goýlan altyn çaýylan agaç sarkofaglara syn etdiler. Birnäçe asyrlaryň içinde bitin galan bu sarkofaglar meşhur britan arheology Goward Karter tarapdan 20-nji ýyllarda tapylypdy. — Gaty geň — diýip, Daliýa aýtdy. — Seret, bu uly sarkofagyň içinde kiçi, onuň içinde ondan hem kiçisi bar. Birnäçe minutdan soň olar üçünji zala girdiler, garaňky edilen tebigy klimatly otag. — Soň bolsa — diýip, Daliýa pyşyrdy bilen sözüni dowam etdirdi, — şolaryň içinde ine bu sarkofag bar eken, munda bolsa, altyndan ýasalan kiçisi, soňkusynda bolsa, bu altyn maskanyň içindäki Tutanhamonyň öz jesedi bar eken. Olar yşyklandyrylan aýna gabyň alnynda saklandylar, onuň gapdalynda gorag bardy. Onda Tarigiň kellesine ömründe gelip bilen iň täsin eksponat bardy. — Bu olmy? — diýip, Tarik pyşyrdy bilen sorady. Ol hakykymy? — Elbetde — diýip, Daliýa jogap berdi. — Reňklere, işiň jikme-jigine üns ber. Gaty geň. Daliýa mamlady. Guýma ýylmanak altyndan taýýarlanan gök, sary we gyzyl reňk bilen bezelen öleninden soňky ýasalan maska birwagtlar ýurda we halka hökümdarlyk eden ýaş patyşanyň ýüz keşbini aýdyň şekillendirýärdi. Gapdaldaky çüýşeden ýasalan gaplarda Tutanhamon bilen jaýlanan beýleki gymmatbaha altyn we kümüş zatlar we hazynalar goýlandy. — Bir adamda şeýle baýlygyň bolandygyny sen göz öňüne getirip bilýärmiň? — diýip, Daliýa eger asla baha berilmeklige mümkin edilýän bolsa, onda bahasy ençeme milliardlarça funta barabar bolan hazynalaryň saklanýan otagyna seredip sorady. — Göz öňüne getirýärsiňmi, adam geljek durmuşynda bularyň baryndan peýdalanyp biler diýip, — bu hazynalaryň baryny adam bilen bile jaýlaýar ekenler — diýip, Tarik aýtdy. — Hawa — diýip, Daliýa aýtdy, bu gaty gaýgyly. — Emma ähli faraonlar şeýle pikir edipdiler — diýip, Tarik sözüni dowam etdirdi, — hazynalary göklerdäki durmuş üçin saklamak niýetleri bilen piramidalary gurupdyrlar. Bu hazynalary bolsa garakçylar we ogrular dargatdylar. Goragçy olaryň ýuwaşrak gürleşmeklerini haýyş etdi we olar seretmeklerini dowam etdirmegi çözdüler. Olar Tutanhamonyň buýrugy bilen özi bilen jaýlanan beýleki goşlardan doly bolan otaglardan geçdiler. Bular peýkamlar, ok-ýaýlar, özüniň oýnamak isleýän oýunlary, jöwzada ter etdiren altyn ýelpewaçlary we hatda özüniň bir wagtlar oturyp, beýik imperiýasyna hökümdarlyk eden altyn tagtydy. Ýarym sagatdan soň olar girmek üçin pul töläp, mumiýalar zalyna geldiler. Birinji Ramzes II-ň mumiýasydy we Tarik jesedi Monte-Karlonyň meýithanasynda saklanylýan Rafik Remzi hakda pikir etmän bilmedi. Olar guran ýüze, süňkli barmaklara we agaç faraonyň tenini örtüp duran goňur ýapga seretdiler. — Daliýa — diýip, Marwan gapdalynda eşidip biljek goragçy ýokmuka diýip, daş-töweregine göz aýlap pyşyrdady. — Hawa — diýip, ol jogap berdi. — Sen göklerdäki ýaşaýşa ynanýarsyňmy? Daliýa yzyna öwrülip, oňa geň galyjylykly bakyşy bilen seretdi. — Elbetde, sen ynanmaýarsyňmy? — Ynanýaryn diýip pikir edýärin. — Pikir edýärsiň? — Ýok, ynanýaryn. Ýöne… men bilmeýärin… wajyp däl. Daliýa birden göneldi. Onuň ýüzüniň beýany üýtgedi we Tarigiň gulagyna pyşyrdy bilen aýtdy: — Meni bagyşla. Men seni bu ýere alyp gelmeli däldim. Men oýlanmandyryn. Bularyň bary ölümiň baýramçylygy. — Ýok, ýok, gürrüň munda däl — diýip, ol aýtdy. Bary oňat. Ýöne… — Näme? — Hiç zat. — Ýok, näme? — Biz gidip bilerismi? — Aýtsana maňa. — Çynymy diýýärin, hiç zat. Gel… — Sen ýol heläkçiligi hakynda pikir edýärsiňmi? — diýip, Daliýa soranynda, onuň bakyşyndaky mähirlilik oňa gaty täsir etdi. — Sen özüňiň neneň ölüme golaý bolandygyň hakynda pikir eden bolsaň gerek. — Hawa, şeýle bolsa gerek — diýip, Tarik bar zady gürrüň bermegi neneň isleýändigi hakynda oýlanyp aýtdy. — Bilýärsiňmi näme, Tarik Jamil — diýip, Daliýa onuň elinden gysyp pyşyrdady. Tarik ýaňagynda onuň deminiň ýylylygyny duýdy. — Sen oňat adam. Hudaý bolsa oňat adamlary göklere goýberýär. Ine, seniň bilmeli zatlaryňyň bary. Ol özüni Daliýanyň köşeşdirmek isleýändigini bilýärdi. Ol Tarigiň gaýgyly bolmagyny islemeýär. Emma Daliýa onuň şu wagt nähili gorkyny başyndan geçirýändigini bilmeýärdi. Eger Daliýanyň diýýäni dogry bolsa we Hudaý oňat adamlara göklerde ýaşamaga rugsat berýän bolsa, onda onuň ykbaly çözülen. Ol oňat adam däl. Ýönekeý, emma elhenç hakykat hut şeýle. Ol Goddar bilen Lemýeniň çak edýän işinde günäkär däl we eger işi kazyýete çenli barsa, onda günäkärlenýänleriniň hiç birini-de ol etmedi. Emma gökleriň hökümi näme? Eýsem, ol aldamakda, neşe ulanmakda günäkär dälmi? Öýlenmedik gyzlary bilen bile ýatandygynda günäkär dälmi? Ata-enesiniň hormatyny ýadyndan çykarandygynda, aýratynam, özi üçin başga ýoly, başga durmuşy saýlap almak baradaky ejesiniň sözlerine gulak asmandygynda günäkär dälmi? Ol bu hakda näçe kän pikir etdigiçe, sanaw şonça-da uzyndy we şonça-da ol sustupes bolýardy. 28 Telefon jyňňyrdady we Goddar birinji jyňňyrdydan soň trubkany eline aldy. — Kolett, haýyş edýärin, Raniýa Fawaz boýunça bir zatlar tapandygyňy aýtsana — diýip, ol Beýrut aeroportynda bilet üçin nobata duran ýerinden sorady. Ol şu gün Marokko uçmak niýetindedi. — Telefon nomeri, salgysy, meniň başlap bilerim ýaly bir zatlar. — Men hem ony, hem-de beýlekisini tapdym — diýip, Dýuwall aýtdy. — Berekella! — diýip, Goddar tas gygyrypdy. — Raniýa Rabatdamy? — Ýok, Kasablankada. — Şeýle diýsene! Nirede? — Goddar salgyny depderçesine ýazyp aldy. — Onuň suraty barmy? — Hut şu wagt aldym. — Ony meniň telefonuma haýal etmän goýber. — Bolýar. — Berekella, Kolett. Sen oňat işläpsiň. Sen Marokkonyň polisiýasy bilen habarlaşmadyňmy? — Ýok, maglumaty siz ilki bolup almak islýärsiňiz diýip oýladym. — Gaty oňat. Sen nädip ony tapdyň? — Telefon kompaniýasy arkaly — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Iň kyn bolany gözlege rugsat berer ýaly birini tapyp, özümiň kimdigimi ynandyrmak boldy. Galany aňsat başa bardy. — Berekella — diýip, Goddar şeýle şowlulyga ynanman ýene-de aýtdy. — Bolýar, men Skelete jaň ederin. Entek bolsa bu Raniýa hakynda mümkin bolanlaryň baryny bil. Onuň soňky wagtlar kime jaň edendigini, nirede işleýändigini, onuň goňşularynyň kimdigini bil, belki-de, ol kimdir biri bilen bile otag kireýine alýandyr, nähili maşynda gezýändigini anykla. Entek Marokkonyň polisiýasyny ara goşmajak bolarys. Ýuridiki çekeleşmesiz işlejek bolalyň. * * * 10 minutdan inspektor Lemýe Goddar bilen gürrüňini gutardy we öz telefonyna gelen habary okady. Diýmek, Žan-Klod özüniň saryýagyz gyzy bilen ahyrsoňy bir zatlar tapypdyr. Kim beýle pikir edip bilerdi. Ýagdaý gaty oňat barýar diýip, Lemýe öz içinden oýlandy. Marwan Fawazyň jaýynda gizlenýändir (munuň şeýle bolmagy gaty ähtimal) ýa-da ol gaçgagyň nirededigini bilýändir we onuň yzyny tapmaga kömek edip biler. Nähili bolsa-da, ol Fawazyň jaýyna ilkinji bolup baryp ýetmeli. «Hiltondan» çykyp, ol maşynyna mündi we Rabatdan yzyna Kasablanka howlukdy. Haçanda ol gerekli jaýyna baryp ýetýänçä, bireýýäm garaňky düşüpdi we goragçy öz stolunyň başynda irkilipdi. Galdyrgyjyň gapylarynyň sesi hiç kimi alada goýmaz ýaly, ol ýedinji gata basgançak boýunça çykdy. Ol 701-nji otagy tapdy, gapyny iki gezek kakdy we ýaş aýalyň sesini eşitdi: — Kim bar? Bu Fawaz? Marwan şu ýerdemi? Lemýe öz sesini Marwanyň hiç haçan hem eşitmändigini bilýärdi. Emma özüni adam öldürendigi üçin ele düşürmejek bolup, ýaragly we ýene-de öldürmäge taýyn bolup gapynyň arkasynda durandygyna taýyn bolmaly. — Siz sputnik telewideniýesini gurnamak babatda ýüz tutupmydyňyz? — diýip sorady we soňky sagatlaryň içinde öz bölüminiň ýygnan maglumatlary hakykata dogry geler we näme üçin Goddaryň adamlarynyň muny etmändigi hakynda oýlandy. — Hawa — diýip, aýal jogap berdi, — birje minut. Ol gulpuň we zynjyrjagazyň neneň açylýandygyny eşitdi we ine, ol Goddaryň iberen suratyndaka meňzeýän Raniýa Fawazyň ýüzi. Lemýe gapyny itekledi, Raniýany elinden tutup, arka tarapyna öwürdi we boýnundan tutup durup, kellesine sapançany tutdy. — Marwan Akkad nirede? — diýip sorady. — Çalt jogap beriň? — Elimi döwýärsiňiz! — diýip, Raniýa gygyrdy. — Wah, elim! Lemýe muňa üns bermedi. — Ol meniň elimde, Marwan! — diýip, Lemýe gaty sesi bilen gygyrdy. — Eger siz ony diri görmek isleseňiz, ýaragyňyzy taşlaň-da, elleriňizi ýokary galdyryp, haýallyk bilen çykyň! — Ol bu ýerde ýok — diýip, Raniýa agyrydan ýüzüni çytyp aýtdy. — Ol ýok. Marwan bu ýerde ýok. — Men size ynanmaýaryn, hanym Fawaz. Siz öz söýgüliňizi halas etmek üçin aldaýarsyňyz diýip oýlaýaryn. — Ol meniň söýgülim däl. Hiç haçan hem bolmandy we ol ýu ýerde ýok. Bu ynandyryjy eşidilýärdi, emma Lemýe töwekgelçilik etmäge synanyşmaýardy. Sapançany kellesine berk tutup, ol Raniýany öz ýany bilen äkidip, otagyň içine seredişdirip başlady, ammara seretdi, krowadyň aşagyna, onsoň ýuwnulýan otaga we ähli burçlardyr deşiklere seretdi. Ol diňe Marwanyň hiç ýerde bukulyp durmandygyna göz ýetireninden soň biraz arkaýyn boldy. — Ýuwaş! — diýip gygyrdy-da, ol sapançanyň sapy bilen Raniýanyň ýüzüne urdy. Ol bolsa ýykylyp, aglap başlady. Çapylan dodagyndan gan akdy. — Bolýar, şu wagt ol bu ýerde däl, emma öňräk bardy! — Siz kim? — diýip, Raniýa gorkudan titräp sorady. — Size näme gerek? — Bu ýerde soraglary men berýärin, hanym Fawaz — diýip, Lemýe onuň üstünden eglip durup, sapançany oňa tarap uzadyp aýtdy. — Men sizden ýene-de soraýaryn, Marwan Akkad ýaňy-ýakynda siziňkide boldumy? — Hawa, boldy — diýip, ahyrsoňy Raniýa aýdyp bildi. — Oňa näme gerek boldy? — Ol bu ýerde galmak isledi, emma men rugsat bermedim. — Näme üçin şu ýerde? Näme üçin myhmanhanada däl? — Ol ýaralanandy. Oňa kömek gerekdi. — Siz hem oňa kömek etdiňizmi? — Men — şepagat uýasy. — Ol sizi söýýär. Raniýa sesini çykarmady. — Ol size söz aýtdymy? Maýda — şeýle dälmi? — Hawa, şeýle. — Diýmek, ol sizi söýýär eken. — Hawa, şeýle bolsa gerek. — Siz ony söýmediňizmi? — Men ony kowdum. — Bu siziň ony söýmändigiňizi aňlatmaýar. Çünki ol siziňkä geldi. Özüniň ýüz tutup biläýjek adamlarynyň arasyndan ol sizi saýladymy? — Şeýle bolsa gerek. — Ol siz entegem özüne biperwaý däl diýip oýlan bolsa gerek, şeýlemi? — Mümkin. — Hut kyn wagtda ol size ýüz tutdy. Onuň ok ýarasy barmydy? — Hawa, şoňa meňzeýär. — Siz ony kowduňyz. — Men onuň durmuşyna gatyşmagy islemedim. — Adam öldürijiniň durmuşynamy? — Men beýle diýmedim — diýip, Raniýa garşy çykdy. — Muny diýmegiň wajyplygy ýok. — Ol adam öldüriji däl — diýip, Raniýa aýtdy. — Ol oňat adam. — Oňa durmuşa çykaryňyz ýaly däl. — Biz çagalykdan dostduk. Men onuň üçin islendik zat ederdim. — Onda näme üçin siz etmediňiz? — Men… men oňa elimden gelen kömegimi etdim. — Emma siz onuň galmagyna rugsat bermediňiz. — Men… — Siz oňa pul berdiňizmi? — Ýok. — Siz oňa uçara bilet almaga kömek etdiňizmi? — Ýok. — Siz ony demir ýol duralgasyna eltdiňizmi? — Ýok. — Emma siz onuň nirededigini bilýärsiňiz, dogry dälmi, hanym Fawaz? Raniýa ýatan ýerinde iki büküldi, ol titremesine döz gelip bilmeýärdi, gözleri gözýaşlardan doludy we zordan gürleýärdi. — Ýok, men bilmeýärin — diýip aýtdy. — Siz aldaýarsyňyz diýip oýlaýaryn. — Men başga hiç zat bilmeýärin. Lemýe sapançanyň saklaýjysyny şykgyldatdy. — Haýyş edýärin, maňa ynanaýyň, men onuň nirä gidendigini bilmeýärin. — Men üçe çenli sanaýaryn — diýip, Lemýe aýtdy. — Eger men özümi gyzyklandyrýany eşitmesem, sizi öldürerin. — Emma men bilmeýärin — diýip, Raniýa aýtdy. — Ant içýärin. Eger bilsedim, men size aýdardym. — Belki-de, aýtmazdyňyz — diýip, Lemýe aýtdy. — Belki-de, siz dogrudanam ony söýýänsiňiz. Belki-de, onuň gizlenmegi üçin siz özüňizi gurban etmäge taýynsyňyz. — Ýok, ýagny, hawa, men ony söýýärin, emma men size dogrymy diýýärin. — Bir… — Haýyş edýärin, jenap, siz maňa ynanmalysyňyz. — Iki… — Bolýar, bolýar, men size bilenimi aýdaryn, emma men kän bilmeýärin. Ýöne, haýyş edýärin, meni öldürmäň. Lemýe uzak, dowamly arakesmäni saklap durup, şeýle diýdi: — Bolýar, men garaşýaryn. — Marwan özüniň nirä gitjekdigini bilmeýändigini aýtdy — diýip, Raniýa çalt aýtdy, — we oňa ynandym. — Ol anyk näme diýdi, hanym Fawaz? — Ol diýdi… ol «belki-de, Müsüre, belki-de, Aýlagyň bir ýurtlaryna, bu ýerden daşrak bir ýerlere giderin» diýen ýaly etdi. Bu bary, çynym, bilenlerimiň bary. — Siz ynamlymysyňyz? — Hawa — diýip, ol gaýtalady. — Ol başga hiç zat diýmedi. — Onuň bu ýerde bolandygyny ýene kimdir biri bilýärmi? — Ýok, diňe men. — Siziň ata-eneňiz? — Ýok. — Dostuňyz? — Ýok. — Gatdaky ýa-da otagyňyzdaky goňşyňyz? — Ýok — diýip, Raniýa onuň Leýla hakynda bilmezligi üçin aldady, — diňe men. Men başga hiç zat bilmeýärin. Haýyş edýärin, siz maňa ynanmalysyňyz. — Lemýe ýene-de biraz saklanyp durup, onuň sözüne ynanyp bolarmy ýa-da ýok diýip oýlandy. — Bolýar — diýip, ol ahyrsoňy aýtdy. — Bu gaty bir kyn bolmady, şeýle dälmi? Raniýa ýeňillik bilen demini aldy. Hut şu pursat gapy kakyldy. Gulp açyldy. Otaga Leýla elindäki harytlar bilen girip geldi. Ýüzündäki gorky bilen ol Lemýä we onuň elindäki sapança seretdi. — Raniýa, näme boldy? — diýip, ol titreýän sesi bilen sorady. — Bu Marwan babatdamy? Bu sözler onuň ykbalyny çözdi. Lemýe iki gezek atdy. Sapançanyň sesini hiç kim eşitmedi. Leýla aşak ýykyldy. Onsoň ol Raniýa tarap öwrüldi-de, ýene iki gezek atdy. — III — 29 Goddar Raniýa Fawazyň jaýynyň alnynda taksiden çykdy. — Näme üçin çalt gelmediňiz? — diýip, Lemýe nägilelik bilen aýtdy. — Bu ýer Beýrutdan daş — diýip, Goddar onuň gürleýşine üns bermän jogap berdi. — Marwanyň nähilidir bir nyşany barmy? — Ýok, bary ýuwaş. — Gyzlar? — Men diýdim-ä, bary ýuwaş. — Olaryň bu ýerdediklerine siz ynamlymysyňyz? — diýip, Goddar sorady. — Şu wagt men hiç zatda-da ynamly däldirin — diýip, Lemýe aýtdy. — Emma wagtymyzy ýitirmeli däldiris. Gireliň. Marwany duýdansyz ele alarys diýip umyt edýärin. Olar holla girdiler. Bu gezek goragçy oýady. Lemýe öz nyşanyny görkezip, şeýle diýdi: — Biz Raniýa Fawazy agtarýarys. Biziň bilşimize görä, ol şu ýerde ýaşaýar. — Hanym Fawazmy? — diýip, goragçy gaýtadan sorady. — Hawa. Gaty oňat gyz. Ol öz jorasy Leýla bilen ýedinji gatda, 701-nji otagda ýaşaýarlar. Sizi ugradaýynmy? — Hökman däl — diýip, Lemýe jogap berdi-de, Goddara golaýlaşdy. — Basgançak boýunça ýokary galyň. Barlaň, ol ýeri arassamy. Ýokarda duşuşarys. Ol özüniň gulluk sapançasyny çykaryp, galdyrgyja mündi. Goddar hem ýaragyny çykardy-da, jaýa girip çykýanlaryň hiç birine hiç zat diýmezligini goragça duýdurdy. Onsoň ol ýakymsyz işiň parahat gutarmagy hakynda dileg edip, basgançak boýunça ýokary galyp başlady. Ol Marwanyň adam öldürijidigine ynanyp bilmeýärdi. Lemýäniň çaklamalarynda bir zat ony kanagatlandyrmaýardy. Emma seresaplyk päsgel bermez. Ahyrsoňy Marwan Akkad aýratyn taýýarlygy geçipdi. Ol Lemýe bilen 701-nji otagyň alnynda duşuşdy we olar üm bilen öz hereketlerini ylalaşdyrdylar. «Üç» diýende Goddar gapyny döwdi we ikileri-de ellerindäki ýaraglary bilen otaga kürsäp girdiler. Goddaryň elhenjine, olar Raniýa bilen onuň jorasynyň jansyz bedenlerini tapdylar. — Marwan Akkad olary öldüripdir — diýip, Lemýe aýtdy. — Iň esasy zat, Marwany onuň ýene başga birlerini öldürmezinden ozal tutmaklyk. Haýal etmän, otagy barmak yzlary we beýleki subutnamalar babatda barlamaly. Emma ilki bilen Marwanyň suratyny polisiýanyň ähli bölümlerine, telewideniýä, awtobus we demir ýol duralgalaryna, Marokkonyň aeroportlaryna we deňiz duralgalaryna ibermeli. Belki-de, ol entegem şu ýerdedir we biz onuň gaçmagyna ýol berip bilmeýändiris. 30 Şenbe güni daňdan Tarigiň telefony jyňňyrdady, emma ol muňa üns bermedi. Ol Daliýa ertirlik naharyny düşegine eltip bermek bilen meşguldy. Bir sagatdan soň jaň ýene-de eşidildi, emma Tarik ýuwunýardy we ony eşitmedi. Ýene bir sagatdan soň telefon ýene-de jyňňyrdady, indi boş otagyň içinde, — Tarik bilen Daliýa ýene bir güni bilelikde geçirmek üçin gidipdiler. Rami şeýdip wajyp täzelikleri oňa habar berip bilmedi. Bireýýäm gyş düşüpdi, emma Tarik Jamil bilen Daliýa Nuruň romany edil bahardaky Niliň dilkawy kimin gülläp ösýän möwsümindedi. Duşenbe gününiň bu salkyn daňynda ertirlik naharyndan soň olar Kair diňiniň 185 metr ýokarsyna çykdylar. Bir-birleriniň ellerinden tutup, olar aşakda ýaýylyp gidýän şähere seredýärdiler we kim gözel ýerleriň kän sanyny bilýändigi babatda bäsleşýärdiler. Olar çaltlyk bilen Müsür muzeýini, Galany, Rafik Ali bilen Ibn Tulunyň metjidini tapdylar. Galanlary myhmanhanalaryň, köp otagly jaýlaryň we iş merkezleriniň köplügi ümürde ýaly zordan tanalýardy. — Sen haçan hem bolsa bir wagt piramidalarda bolup gördüňmi? — diýip, Daliýa sorady. — Meniň üçin boýun almak utançly — diýip, ol jogap berdi, — emma men ol ýerde bolup görmedim. — Men hem bolmadym! — diýip, Daliýa şatlykly aýtdy. — Gel, ol ýere baralyň! Men olary ýakyndan görmek we çölde düýelere münüp çapmak isleýärin! — Sen düýelerde gezmegi göz öňünde tutýarmyň? — diýip, Tarik gaýtalap sorady. — Ýok, men çapmak isleýärin! — diýip, Daliýa gözlerindäki otjagazlar bilen aýtdy. Tarik onuň gujuryna we durmuşa bolan erkine haýran galýardy. Bu ony ter edýärdi we ruhlandyrýardy. Ol eginlerini gysyp, şeýle diýdi: — Onda näme, çapmak bolsa çapmak bolsun. Olar taksi tutup, Gize gitdiler. Şol ýerde olar Heopsyň piramidasyna girdiler. Mazaryň zalynda durup, olar bir wagtlar onuň özünde nähili hazynalary gizländigini göz öňlerine getirdiler. Onsoň olar düýeli iki ýol görkezijileri alyp, çöle gitdiler. Olar gaýdyp ne Nagib Mahfuzyň ölümi, ne-de Tarigiň ata-enesiniň ýogalmagy, ne-de özüniň aýdyşyna görä, ýarasynyň peýda bolmagyna sebäp bolan ýol heläkçiligi hakda gürrüň etdiler. Goddar, Lemýe, Monte-Karlo we Rafik Remzi hakda ýatlaman bolardy. Kazyýet, işi derňemek we seresap bolmaklyk baradaky pikirler bir ýerlere uçurym boldy. Olar edil ýaşajyk söýgüliler kimin durmuşdan keýplenýärdiler we Tarik üçin bu suwsuzlykdan soňky ter edýän bir owurt suw ýalydy. — Sfinksiň ýanynda meniň ilkinji boljakdygym hakynda jedel ederismi! — diýip, Daliýa gygyrdy. — Ýeňilen agşamlyk nahary üçin tölär! Öz düýesini şarpyklap, Daliýa ony yzda galdyryp, çäge depeleri boýunça çapyp gitdi. Yza galmajak bolup, Tarik onuň yzyndan kowdy, olaryň howsalanan we nägile bolan ýol görkezijisi yzlaryndan gygyryp galdy. Daliýa oňat çapýardy, edil bütin ömür munuň bilen meşgullanan ýaly. Onuň gara saçlary arkasynda galgaýardy. Ol Tarikden kyrk-elli metr öňe gitdi. Emma ol söweşsiz boýun boljak däldi. Düýesini güýçlüräk depip, ol tizligini çaltlandyrdy. Olar depe boýunça ýokary galyp, beýle tarapdan aşak gitdiler, onsoň bir biriniň yzyndan ýene birnäçe depelerden geçdiler we ine, Daliýa bir depäniň arkasynda ýitirim boldy. Emma diňe biraz wagtlyk üçindi, çünki Tarik onuň yzyndan ýetip barýardy. Daliýa bir zatlar diýip gygyrdy, gülýärdi we öjükdirýärdi, hut şu-da oňa ýeňmeklik üçin çözgütlilik berdi. Tarik özüniň üç ýaşly düýesinden bar zady sykyp çykarjakdy, emma üstünlikli bolmady. Ony ýarym beden ozup, Daliýa sfinksiň aýak ujunda syýahatçylaryň toparyna deňeşip, olary gorkuzdy. Onsoň ol demini dürsemek üçin çöle tarap yzyna öwrüldi. Ol aglara çenli gülýärdi. Tarik hem gülýärdi we ony birden özüniň ynamly bolşuna görä, Raniýadan başga hiç kime duýmadyk nähilidir bir duýgy eýeledi. — Meniň üçin bir zat satyn al! — diýip, Daliýa gujaklaşanlarynda aýtdy. — Bir zat satyn almak? — diýip, ol düşünmän sorady. — Mysal üçin, näme? — Bilmeýärin — diýip, Daliýa ony güýçli gujaklap we boýunlaryndan ogşap güldi. — Nämedir bir aýratyn, geň zat, haçanda seniň ýitirim bolup, seni hiç haçan görüp bilmänimde, sen hakda ýatladary ýaly bir zat. — Sen näme hakda diýýärsiň? — diýip, Tarik sorady. — Näme üçin sen beýle pikir edýärsiň? — Çünki erkekler hut şeýle hereket edýärler ahyryn — diýip, ol jogap berdi, — islänini alýarlar-da, iň duýdansyz pursatda senden azat bolýarlar. Daliýanyň gözleri oýunçy seredýärdi, emma nähili degişme bilen aýdylandygyna seretmezden, islenileni gazanypdy. Tarik özüniň ot bilen oýun edýändigine düşündi. Kimdir biri bu gyzy gaty güýçli öýkeledipdir we indi ol ýene-de oňa agyry ýetirmäge ýakyndy. Hawa, bu gyz oňa degişli, emma ol özi bilen oýun etmeklerini islemeýär, ol özüniň çynlakaý kabul edilmegini isleýär. Emma bu problema bilen şu wagt meşgullanary ýaly onda ne wagty, ne-de islegi bardy. Bu gyzyň näme duýýandygyna seretmezden, ol onuň bilen uzak wagtlap galyp bilmeýär ahyryn. Bu ýöne mümkin däl. Birnäçe günden, hepdeden ýa-da aýdan soň Rami jaň eder we onuň yzy boýunça gelýändiklerini aýdar we ol ýene-de ýitirim bolmaly bolar. Şeýdip, ol bu gyzdan «iň duýdansyz pursatda ondan azat bolar». Eger ol bu gyz bilen diňe gijäni ýa-da dynç günlerini geçirmek islän bolsa, şonda has ýeňil bolardy. Emma, özüniň haýran galmagyna, bu gyzyň duýgularynyň özi üçin uly mana eýedigine Tarik düşünip galdy. Bu gyzda onuň özüne ýaraýan bir zat bardy we ol oňa agyry ýetirmek islemeýärdi. — Käbir erkekler, belki-de, şeýle hereket edýändirler — diýip, Tarik ony özüne çekip we mähir bilen ogşap aýtdy. — Emma men däl. 31 Temany üýtgetmäge umyt edip, Tarik Daliýany syýahatçylardan doly dükanly köçeler bilen alyp gitdi. Ahyrsoňy olar bir iň meşhur kair ussahanasyna baryp ýetdiler. — Bolýar — diýip, olar oňa girenlerinde Tarik pyşyrdap aýtdy. — Men bu ýerde seniň isläniňi satyn alaryn. Daliýanyň gözleri ýalpyldady. — Islän zadymymy? — diýip, şatlykly sorady. — Islän zadyňy — diýip, ol tassyklady, — ýöne nämedigini aýdaý. Daliýa onuň elinden berk gysyp, daş-töweregine göz aýlady. Dükanyň diwarlary owadan suratly papirusyň ullakan sahypalaryndan doludy. — Men size kömek edip bilerinmi? — diýip, satyjy sorady. — Men size gaty oňat bahany teklip edip bilerin. — Siz bize ussahanany görkezip bilersiňizmi? — diýip, Tarik sorady we Daliýa başyny atdy. — Hezil edip, ser — diýip, ýaşy 20-den uly bolmadyk ýaş ýigit aýtdy. Ol olary yzky jaýa alyp bardy we bu ýerde papirusyň baldaklarynyň nädip uzyn ýuka süýümlere bölünýändigini, onsoň olardaky şekeriň eremegi üçin olary suwa batyrýandyklaryny, soň örülip, berk gysylýandygyny, soňundanam bolsa berk sahypalaryň peýda bolary ýaly, uzak wagtlap guradylýandygyny görkezdi. — Ine şu hakda gürrüň beriň — diýip, Daliýa sorady. Hut şol wagt ýaş oglan açyk gök, gyzyl we altyn reňkler bilen adamlaryň, haýwanlaryň we iýeroglifleriň çekilen owadan agaç çarçuwaly ullakan surat hakda gürrüňini gutarypdy. — «Soňky höküm» — diýip, satyjy aýtdy. — Ol gaty meşhur. Bir wagtlar bu suratyň nusgalary ähli öýlerde, mazarlarda we Müsüriň ybadathanalarynda bolupdy. — Näme üçin? — diýip, Tarik sorady. — Ol nämäni aňladýar? — Gadymy müsürlileriň ynamlaryna görä — diýip, satyjy düşündirişine başlady, — haçanda adam öleninde, oňa höküm garaşýar we ol bütin ömründe edenleri üçin Hudaýyň alnynda hasap berýär. Suratyň ýokarky bölegindäki keşpleriň alnynda dyzyna çöküp duran, çep burçdaky adamy görýärsiňizmi? — Hawa. — Bu geljek durmuşdaky adam. Ol on dört kazylaryň öňlerinde dyzyna çöküp durup, özüniň günäkär däldigine ant içýär. Ol olara gurbanlar teklip edip, özüni jennete goýbermeklerini soraýar. — Ol ýerde kim? — diýip, Tarik ondan sorady. — Bu onuň özi dälmi? — Aşakdaky çep burçdakymy? — Hawa. — Hawa, bu hut şol adam. Ony adalatlyk köşgüne eltýärler, ol ýerde onuň oňatmy ýa-da erbetdigi, günäkärmi ýa-da ýokdugy çözüler. Onuň öňündäki ullakan terezini görýärsiňizmi? — Hawa. — Öleniň ýüregini çep tarapda, adalatlyk galamyny bolsa — sag tarapda goýýarlar. Eger ýürek galamdan agyr bolsa, onda diýmek ol günäden doly. Ýagny adam jennete gideri ýaly ýeterli derejede oňat däl we ol dowzaha gider. Eger-de onuň ýüregi ýeňil bolsa, diýmek, ol oňat, arassa adam, ol jennete iberiler. Suratdaky adam arassa we elinde baky durmuşyň açary bolan şol keşp ony gökleriň tagt zalyna alyp barýar. Size surat ýaraýarmy? — Ýok — diýip, özüni gaty amatsyz duýan Daliýa jogap berdi. — Maňa nämedir başga birini görkeziň. Daliýa agaçda oturan iki kepderili beýleki surata üns berdi. Emma Tarik «Soňky höküme» seretmegini dowam etdirýärdi. — Nädip kesgitläp bolýar? — diýip, ol sorady. — Nämäni kesgitläp? — diýip, satyjy sorady. — Ýüregiň ýeterli derejede arassadygyny nädip kesgitläp bolýar? Nädip dowzaha däl-de, jennete barjakdygyňy nädip bilmeli? Emma satyjy soraga jogap bermedi. Edil Tarigiň hem bilmeýşi ýaly, onuň hem bu soragyň jogabyny bilmeýändigi anykdy. Birden Tarik gorkyny duýdy. Ol özüne bu soragy gaýta-gaýta bermegini dowam etdirdi. Öz ykbaly çözülýänçä, ol bu soragyň jogabyny tapmalydyr. Ol Daliýa üçin surat satyn aldy, elbetde, başgasyny, owadan we gymmatyny, Nilde gämili gezýän iki sany aşyk juwanlaryň suratyny satyn aldy, emma özi bolsa «Soňky hökümiň» döreden täsirinden azat bolup bilmeýärdi. Ol edil özüniň bütin durmuşynda kabul eden ähli samsyk çözgütlerini aglap, entek mümkinkä, durmuşynyň akymyny üýtgedip, ony täzeden başlamaklygy hakynda ýalbarýan ejesiniň sesini eşidýän ýalydy. Emma nämeden başlamaly? Kime ýüz tutmaly? Ol bir zatlary üýtgetmäge taýyn. Onuň durmuşy nädogry tarapa gidýär. Onuň ugruny nädip üýtgetmeli? Olar Daliýanyň jaýyna dolanyp geldiler, ýuwundylar, geýimlerini çalyşdylar we aeroportdan daş bolmadyk «Mowenpik» myhmanhanasyna tarap ýola düşdüler. Daliýanyň Londona bolan agşamky reýsinden öňräk Tarik ýakylan şemler bilen aşgamlyk naharyny gurnady. Daliýa gaty bagtlydy. Tarik bolsa özüni gaty betbagt duýýardy. — Düýn agşam Dina bilen Merwat maňa elektron poçta boýunça hat iberipdir — diýip, Daliýa aýtdy, — saňa aýtmagy ýadymdan çykarypdyryn. — Hawa, — diýip, Tarik özüniň alnynda el degrilmedik ýaly galdyrylan naharlara seredip aýtdy. — Olar entek Nýu-Ýorkda we özleri üçin jaý tapypdyrlar. Dina indiki dynç günlerinde goşlaryny äkitmek üçin geljekdigini aýdypdyr. Biraz sesini çykarman durup, Daliýa şeýle diýdi: — Olaryň bu ýerden gidýändiklerine ynanyp bilmeýärin. Özüm üçin täze goňşulary gözlemelidirin diýip oýlaýaryn. Men bu jaý üçin ýeke özüm töläp bilmeýärin. — Hawa — diýip, Tarik sygyr etiniň bir bölegini agzyna eltip aýtdy. — Tarik, bary oňatmy? — diýip, Daliýa onda sorady. — Hawa, bary oňat — diýip, ol özüne üçünji käse şeraby guýup aýtdy. — Sen edil bir ýerlerde, gaty daş ýerlerde ýaly. Sen daňdakyň ýaly däl. Edil dynç günlerindäkiň ýaly däl. — Ýok — diýip, ol jogap berdi, ýöne… Ol sesini kesdi. — Ýöne näme? — diýip, Daliýa sorady. Tarik ony aldamak islemeýärdi. Ol öz ýüreginiň häzirkisinden hem agyr bolmagyny islemeýärdi. Bu baradaky pikir ony gaty alada goýýardy. Umuman, onuň durmuşy durşuna ýalandan durmaýardymy? Ol Tarik Jamil däl. Ol Brýusselli kompýuter boýunça maslahatçy däl. Ol Kairde kompaniýasynyň şahamçasyny açjak däl, çynlakaý gatnaşyklara hem taýyn däl, özi hakda Daliýanyň bilýänleriniň bary ýalan. — Men ýöne sen hakda kän pikir ederin, seni göresim geler — diýip, ol ahyrsoňy Daliýa seredip aýtdy. — Bilelikde bolan günlerimiz meniň üçin gaty oňat günler boldy. — Meniň üçinem — diýip, Daliýa onuň elinden tutup aýtdy. — Sen, adaty däl gyzsyň. Daliýa ýylgyrdy, emma onuň soragy biraz skeptiki äheňde aýdylypdy: — Adaty däl diýýäniň «Men seniň bilen kän wagtymy geçirmek isleýärin» ýa-da «Gaty oňat boldy, emma biz mundan beýläk görüşmeris» diýen manyda? — Adaty däl diýýänim «Men seniň bilen kän wagtymy geçirmek isleýärin» diýen manyda — diýip, ol Daliýanyň iki ellerinden berk tutup aýtdy. Sen ertir sagat näçede dolanyp gelersiň? — Men günortana ýakyn, günüň ýaryna dolanyp gelmeli. — Bolýar. Men garaşaryn. — Wada berýärsiňmi? — diýip, Daliýa onuň elinden gysyp sorady. — Wada berýärin. 32 Tarik gijäni Daliýanyň jaýynda geçirdi. Öz jaýynyň hojaýynynyň kireýine tutan süpürijileri we ussalary bütin gün işlediler, emma olaryň işleriniň netijeleri asla görünmeýärdi. Ýene kän iş edilmelidi. Mundan başga-da, Daliýanyň otagy ençeme esse kiçidi, ýylydy (onda gyzdyryjylaryň işleýändigi sebäpli) we amatlydy. Aýnalarda perdeler bardy, aşhana stolunyň üstündäki açyk reňkli küýzelerde bolsa, ter güller bardy. Krowatlarda arassa düşekler, ullakan ýorganlar we ýumşak ýassyklar bardy. Hemme ýerlerde Daliýanyň bolup gelen ýurtlaryndan getiren her hili zatlar bardy. Iň esasy zat, gap-çanaklar ýuwlandy, holodilnikde we ammarda iýmit kändi, gaz plitasy işleýärdi we bu eger şu ýerde galmak barada sorag ýüze çykaýanynda, onda munuň galmaklygyň peýdasyna çözülmegine ýardam edýärdi. Tarik özüne kofe etdi we aşhanadan tapan kökeleri bilen garbandy. Onsoň ol Daliýa hakda doly düşünjä eýe bolmak maksady bilen onuň goşlaryny gözden geçirmäge başlady. Saz enjamynyň gapdalynda ol modaly sazly diskleri we soňky müsür, ýewropa we amerikan filmli DVD-leri tapdy. Hemmesi elipbiý boýunça ýerleşdirilendi. Geýim şkafynda täze köýnekler asylgydy, täze köwüşler durdy, mahmal gutujyklar bezeglerden doludy. Ol modaly žurnallaryň petdesini tapdy: «Vogue» we «Cosmopolitan». Ol suwuň aşagynda ýüzmek üçin trubkaly maskany we akwalangy tapdy. Tekjelerde Ortaýer deňzinden Karib deňzine çenli bolan şypajaýlaryň suratlary durdy, şeýle-de, Nagib Mahfuzyň ähli romanlary. Mundan başga-da, ol marihuanaly gizlin ýeri tapdy we bir çilimi otlady. Oňa özüniň agtarýan maglumatyny berip biler ýaly ne gündeligi, ne-de maşgala suratlaryny tapmandygy ony geň galdyrdy. Daliýa Nur nähili adamka? Ol nireden? Ol nämä ymtylýar? Ol Tarigi gyzyklandyrdy, emma ol bu gyz hakda gaty az bilýär. Ol Daliýanyň Iordaniýanyň bir ýerlerinde ulalandygyny bilýärdi, emma hut nirededigini bilmeýärdi. Ol onuň 18 ýaşynda öýünden gidendigini bilýär, emma näme üçindigini bilmeýär. Ol onuň Fransiýada nähilidir bir kolleji gutarandygyny bilýär, emma haýsy kollejdigini we onuň näme öwrenendigini bilmeýär. Ol onuň dünýä syn edip, mugt syýahat edip bilmek mümkinçiligine eýe bolary ýaly «Britiş Erweýze» işe girendigini bilýär. Ol onuň 23 ýurtda bolandygyny we özüniň nobatdaky üçünji rugsadyny Awstraliýada geçirmäge umyt edýändigini bilýärdi, çünki Daliýanyň aýdyşyna görä, hut şol ýerde maskaly suwa düşmek gaty hezil. Emma ol Daliýa hakda başga hiç zat bilmeýär. Ol bu gyz üçin edil özüniň hem onuň üçin bolşy ýaly, gaty syrly bolup galýardy. Jogaplaryň gözleginde Tarik krowadyň ýanyndaky komodyň çekerini açdy we onuň içinde Şarm-El-Şeýhiň şypajaýlaryna 2-3 günlük dynç almalary teklip edýän reklamaly kitapçalaryň petdesini tapdy. Ol dogrudanam syýahatlar bilen gyzyklanýar. Tarik bolsa özüniň soňky gezek haçan dynç alandygyny ýadyna-da düşürip bilmeýär. Daliýa bolsa dünýäni görmek we durmuşyň dolulygyny duýmaklyk pikiri bilen bütinleý tutgaýly ýaly görünýärdi. Ol bir ýerde oturyp bilmeýärdi. Haçanda onuň birnäçe gün boş wagty bolanynda, ol nähilidir bir adaty däl ýerlere giderdi. Näme üçin? Ol nämeden gaçýar? Tarik petde kagyzlary gözden geçirmäge başlady. Onda «Hiltonyň» we «Ris-Karltonyň» suratlary bolşy ýaly, «For Sizonz», «Marriotta» we «Mowentik Joli Willýanyňky» hem bardy. Aşakda ol «Britiş Erweýz» logotipli ýandepderçeni tapdy, oňa Daliýanyň eli bilen üç adamlyk nomeriň bahasy, senesi, dürli şypajaýlaryň oňatlyklary we erbetlikleri hakynda ýazgy edilendi. Ol bularyň baryny öz ýerinde goýup, bu syrly gyz hakynda maglumat gözlemegini dowam etdirmäge synanyşjakdy we birden ol syýahatyň çak edilen senesine seredeninde, onuň üsti çyzylandy we ol sene ýakyndaky Roždestwo bilen Täze ýylyň arasyna düşýärdi. Ol näme üçin Daliýanyň syýahatdan el üzendigine düşündi, Dina bilen Merwat göçüp gidipdiler we Daliýa indi jaýy üçin töläp bilmeýärdi, Şarm-El-Şeýhdäki dynç alyş hakda bolsa gürrüň edip oturmagyň geregi ýok. Onsoň Tarik oýlandy: Eger men… Daliýanyň dolanyp geleriniň ertesi güni üçin planlar bireýýäm düzülendi, biletler satyn alnypdy, çemodanlar ýygnanandy we bary, suw astynda ýüzmek üçin gerek bolan goşlar bilen bilelikde, — taksiniň ýük goýulýan ýerinde ýerleşdirilipdi. Tarik girelgede elindäki gül dessesi bilen Daliýa garaşýardy. Daliýanyň ähli duýgulary gözlerinde beýan boldy. Ol ynanyp bilmedi. Olar bilelikde Şarma gidýärler? Çynmy? Göni şu wagt? Bary tölenen? Emma ol nireden bildi? Ol nädip baryny beýle çalt gurnap bildi? Özüniň hut şeýle adama aşyk bolandygy bilen neneň eli geldi! Tarik onuň ähli soraglaryna özleriniň Sinaý ýarym adasyna bolan reýse münenlerinde jogap berdi. Onuň haýran galmasy we şadyýanlygy Tarigi şatlandyrýardy. Durmuşynda hiç haçan hem Tarik garaşylmadyk joşguna ýol bermändi, emma ol özüni oňat duýýardy we bu diňe başlangyjy diýip umyt edýärdi. Kairden gitmeklik, birnäçe sebäplere görä oňat. Gün, çäge we deňiz tolkunlary öz betbagtçylyklaryndan ünsüni sowmak üçin oňa geregi-de hut şu. Ol Daliýa bilen mümkin boldugyndan kän wagtyny geçirmek isleýär. — Sen gaty eli açyk adam — diýip, ahyrsoňy Daliýa aýtdy. — Emma men şonda-da düşünmeýärin, sen muny näme üçin etdiň. — Meniň seni göresim geldi — diýip, ol jogap berdi. Uçar gonmaga taýýarlanýardy. Tarigiň elinden berk tutup, Daliýa oňa gysyldy. — Çynyňmy? — diýip, ol ýylgyrma bilen sorady. — Çynym — diýip, Tarik jogap berdi. — Kairde seniň oňat jaýyň bar, emma onda sensiz men özümi gaty ýeke duýýaryn. Men seniň senenamaňy tapdym we ýakynda birnäçe günläp dynç günleriňdigini bildim. Men durup bilmedim. Baryny özümiň planlaşdyrmagym men tarapdan gaty edepsiz bolan däldir diýip umyt edýärin. — Elbetde boldy, men muňa gaty şat — diýip, Daliýa jogap berdi. 33 Olar «Ris-Karlton» myhmanhanasynda ornaşdylar we iki güni edil ýaş çatynjalar kimin geçirdiler. Olar giç turdular we düşekde ertirlik naharyny edindiler, suwuň boýunda güne ýandylar. Gündiz Gyzyl deňizde suwa düşdüler, agşam bolsa gymmat bahaly restoranlara bardylar. Otaglaryna dolanyp gelip, olar hetdenaşa höweslerine berildiler. Gündiziň güni howanyň gyzgynlyk derejesi 30-a ýetýärdi we demirgazykdan ýeňilje şemal öwüsýärdi. Gijelerine 15-den aşak düşmeýärdi. Hiç hili bulutlar, ýagyş, tüsse, telefon jaňlary, elektron poçta boýunça habarlar ýok. Mundan oňat bolup bilmeýär we munuň hiç haçan gutarmazlygyny Tarik gaty isleýärdi. Üçünji gün ol irden turup, ertirki ylgamaklyga ýola düşdi. Ol Monte-Karloda alan ýarasyndan özüne geldi. Güýji gitdigiçe dikelýärdi. Ol gülüp bilýärdi. Ýüreginde aýdym aýdyp bilýärdi. Ol söýgüden serhoşdy, onda özüni şeýle oňat duýýandygyna bolan başga düşündirişi ýokdy. Tarik hiç haçan hem muňa meňzeşi başyndan geçirmändi, hatda Raniýa bilen-de. Onda Raniýa bolan aýratyn duýgular galypdy we ol olary hemişelik saklaryn diýip oýlaýardy. Emma Raniýa hiç haçan hem Daliýa ýaly onuň duýgularyna jogap bermändi. Daliýa ony isleýärdi. Tarik onuň üçin gereklidi. Daliýa bilen ol özüni aýratyn duýýardy. Tarik ony söýdi we bary gaty çalt bolup geçdi. Kenar ýakasy boýunça 4 mil ylgap, Tarik «Rise» dolanyp geldi we mümkin boldugyndan ýuwaşlyk bilen otaga girdi. Daliýa entek uklap ýatyrdy. Ol perişdä meňzeýärdi — onda şeýle bir owadanlyk we rahatlyk bardy. Belki, bularyň bary onuň diňe düýşünde görünýändir. Ol ýuwundy-da, geýimlerini geýdi. Şu gün gözel ýerlere syn edip, dükanlara aýlanyp bolar. Belki-de, olar welosipedli gezerler ýa-da para-seýling bilen meşgul bolarlar. Onuň üçin parhy ýok. Olar Daliýanyň islänini ederler, iň esasy zat, bile bolsalar bolany. — Ertiriň haýyr — diýip, Tarik ýuwnulýan otagdan çykanynda Daliýa aýtdy. — Ertiriň haýyr — diýip, ol ony ogşap aýtdy. — Sen özüňi nähili duýýarsyň? — Gaty oňat, iýmek isleýärin — diýip, Daliýa jogap berdi. — Menem — diýip, Tarik aýtdy. — Ilki bilen ýuwun, onsoň aşak düşüp ertirlik naharyny edineris-de, şu gün näme bilen meşgullanjakdygymyz hakynda oýlanarys. — Bolýar — diýdi-de, Daliýa ýuwnulýan otagyň gapysyny ýapmazyndan ozal ýene bir gezek ogşamagyny talap etdi. Entek Daliýa ýuwunýarka, Tarik otagy tertibe getirdi. Ol Daliýanyň balkonda guran geýimlerini ýygnap, çemodana saldy. Krowadyň aşagynda ol onuň açarlaryny we el telefonyny tapdy. Haçanda ol olary onuň sumkasyna saljak bolanynda, onuň içinden birnäçe hatlar düşdi. Olaryň köpüsi tölenilmedik hasaplardy. Emma bukjalaryň biri onuň ünsüni özüne çekdi. Bu bir hepde mundan ozal iberilen iordan markaly hatdy. Hat açykdy we Tarik ony okaman durup bilmedi. Okanlary ony aňt-taňk etdi. Meniň mähriban Daliýam, Seniň ýaňy-ýakyndaky hatyň üçin sag bol. Seniň Kalim bilen mundan beýläk duşuşmaýandygyňy bilip, ejeň bilen özümiň neneň şat bolandygymyzy söz bilen aýdyp bilmeýärin. Onuň ýaşaýyş durmuşyny biziň goldamandygymyzy sen bilýärsiň — neşe, alkogol, gijeki oturlyşyklar. Biz seni şeýle adama durmuşa çykmagyň üçin ulaltmadyk. Ol mesihi däl we hatda oňat ýa-da çynlakaý adam däl. Onuň bilen gatnaşyklaryňy bozup, durmuşyňyň täze sahypasyna başlandygyňa biz şat. Seniň üçin biziň oňat we takwa, özüňi bütin ömür söýjek adamy tapmagymyza sen taýynmyň? Sen Ýusef hakynda näme pikir edýärsiň? Bir aý mundan ozal ony öz ýanyma ýygnagyň çopanynyň kömekçisi edip alandygymy sen bilýärsiňmi? Ol ýygnakda gaty oňat hyzmat edýär, çagalar üçin mukaddes kitap sapaklaryny, dynç güni mekdebini we ýaşlar toparyny alyp barýar. Ol entegem saňa biperwaý däl diýip hasaplaýaryn. Saňa jaň eder ýaly, oňa seniň telefon nomeriňi bereýinmi? Ejeň bilen men gaty şat bolardyk. Sen haçan öýe gelersiň? Biz seni görmek isleýäris. Sen Ýusef bilen duşuşyp bilerdiň. Seniň ähli doganoglanlaryň seni görmek isleýärler. Menem. Hat ýazyp dur, haýyş. Seniň söýgüli kakaň. Hat «Petra Baýbl Çýorç» ýygnagynyň resminama kagyzynda çap edilendi we onda Iordaniýanyň günortasyndaky kiçijik şäherjigiň poçta salgysy görkezilendi. Tarik gaty geň galypdy. Bu nämäni aňladýar? Daliýa — mesihimi? Onuň kakasy — ýygnagyň ruhy çopanymy? Bu nähili bolup bilýär? Düşnüksiz. Daliýa alkogol içgileri içýär. Neşe çekýär. Durmuşa çykmadyk bolsa-da, onuň bilen bile ýatýar. Ol boýnunda haçjagaz götermeýär. Onuň Mukaddes Kitaby-da ýok. Onuň düşünişi boýunça, Daliýa hem edil özi ýaly ýiten adam. Tarik üçin din hiç haçan hem mana eýe bolmadyk zatdy. Emma ol mesihi maşgalada önüp ösmedi. Näme üçin Daliýa ondan şeýle wajyp zady gizledikä? Kalim diýýänleri kimkä? Ýusef kim bolýar? Näme bolýar? Ol Tarikden ýene näme gizleýärkä? Eýsem, Tarigiň özi ondan hiç zady gizlemeýärmi? 34 El telefony jyňňyrdanynda, Tarik haty öwrenmegini dowam etdirýärdi. Ol titredi-de, nomere seretdi, dogany jaň edýärdi. — Salam Rami — diýip, ol aýtdy. — Marwan, sen nirede? — diýip, Rami gaharly aýtdy. — Men saňa bireýýäm birnäçe günläp jaň edýärin. Sen bireýýäm diri dälsiň diýip gorkdum. — Meniň ýagdaýlarym oňat — diýip, Tarik arkaýyn aýtdy. — Ýöne… men… gaty işli boldum. Näme? Näme boldy? — Işli boldum? — diýip, Rami sorady. — Nähili iş? — Bu seniň işiň däl. — Sen, näme, däli bolduňmy, Marwan? — diýip, Rami sorady. — Men seniň diri galyp, azatlykda bolmagyňa kömek etjek bolup, öz durmuşymy howp astyna salýaryn, sen bolsa birnäçe günläp ýitirim bolýarsyň-da, indi hem bolsa meniň işim däl diýip aýtmaga batyrlyk tapýarsyň?! — Sen mamla — diýip, Tarik sesiniň edil özüni aklaýany ýaly eşdilmezi ýaly edip aýtdy. — Bagyşla. — Sen muny çyn ýürekden aýdýarsyň diýip umyt edýärin — diýip, Rami jogap berdi. Ol gazaba münüpdi, emma özüni ele almaga synanyşýardy. — Seniň ýitirim bolanyňdan bäri kän zat bolup geçdi. Ýakyndaky reýs bilen men Bagdaddan yzyma Beýruta uçýaryn. Monte-Karlonyň prokurory meniň çakylyk haty bilen inspektor Goddar bilen gürrüňdeşlige gelmegimi buýrupdyr. Dowamly ümsümlik ara düşdi we Tarik munuň entek hemmesi däldigine düşündi. Ahyrsoňy Rami sorady: — Näme üçin sen Raniýanyň Kasablanka göçendigini maňa aýtmadyň? Tarik aňk-taňk boldy, bu oňa nireden mälim? — Düşünmeýärin… — Bes et, Marwan. Men seniň ol ýerde bolandygyňy bilýärin. — Näme üçin ol ýerde bolandygyňy men bilmek isleýärin. Sen gizlenjekdigiňi aýdypdyň, hiç hili dostlar, hiç hili tanyş ýerler. Sen wada beripdiň. — Men nirä gitmelidigimi bilmedim — diýip, ol boýun aldy. — Maňa kömek gerekdi. — Näme üçin? — diýip, Rami jogap talap etdi. — Çünki meni ýaraladylar. Ine. Indi sen kanagatlanýarsyňmy? Meni Monte-Karloda ganhorlaryň biri ýaralady we men ne şol ýerde, ne-de Fransiýa keselhana ýüz tutup bildim. Yzyma kimiň düşendigini men bilmedim. Kime ynanmalydygymy hem bilmedim. Men Raniýanyňka gitmekden başga zat oýlap tapyp bilmedim. Şeýdip, men onuňka gitdim. Ol maňa kömek etdi-de, gümüňi çek diýdi we şonuň üçinem men şu ýerde. — Bu samsyk ýalňyşlyk boldy, Marwan — diýip, Rami aýtdy. — Belki-de, sen mamlasyň — diýip, ol ylalaşdy, — emma bary ýerbe-ýer ahyryn, şeýle dälmi? — Ýok. — Ýok diýýäniň näme? — Raniýa öli. Tarik özüni edil garnyna güýçli urgy edilen ýaly duýdy. — Näme… Neneň? — Ol pikir edip bilmeýärdi. Ol dem alyp bilmeýärdi. Bu neneň beýle bolup bilýär? — Polisiýa onuň jesedini Kasablankadaky otagynda tapdy. Otagy bile kireýine alýan jorasynyň jesedini-de — diýip, Rami düşündirdi. — Ikisini-de ençeme gezek atypdyrlar. Beýle bolşy mümkin däl. Ol şol ýerde bolupdy. Raniýa ony gujaklapdy. — Inspektor Goddar iş ýerimdäki telefonda meniň üçin habar galdyrypdyr — diýip, Rami aýtdy. — Ine, ol nädip bilipdir. Ol jenaýat bolan ýerde seniň barmaklaryňyň yzlarynyň gaty kändigini aýtdy. Onuň diwanyndaky ýassykda seniň saçlaryňy tapypdyrlar. Goňşy dükanyň eýesi seni ýakynda görendigini aýdypdyr. Seniň maşynyňy ol ýerden birnäçe mil aralykda tapypdyrlar. Lemýe jenaýaty seniň amala aşyrandygyňy tassyklap, seni tutmaklyga buýruk hatyny beripdir. Goddar eger sende düşündiriş bar bolsa, onda seniň özüňiň gelip, baryny şu wagt gürrüň bermegiňi teklip edýär, bolmasa hiç kim hem saňa kömek edip bilmez. Tarik hiç zat eşitmek islemedi. Ol özüni erbet duýýardy. Ol kä şübhe duýýardy, käte gahary we trubkany diwara oklap goýbermäge taýyndy. Şu ýerde Rami ýene diýdi: — Bu entek bary däl diýip gorkýaryn. — Mundan hem erbet täzelikler bar. — Näme..? — diýip, Tarik zordan aýtdy. Mundan erbet näme bolup biler? — Lemýe bilen Goddar seniň Müsürdedigiňi bilýärler. — Näme!? — Nireden diýip menden sorama — diýip, Rami aýtdy. — Goddar maňa aýtmak islemedi. Lemýe bilen ol bireýýäm şol ýerde. Seniň suratyň Kairiň her bir poliseýinde bar we eger sen parahatlyk bilen boýun bolmasaň, onda atmaklyga buýruk alypdyrlar. — Emma men Raniýany öldürmedim, ant içýärin — diýip, Tarik aýtdy. — Men bilýärin — diýip, Rami aýtdy. — Onuň jorasyny-da men öldürmedim, muny Klodettiň adamlary eden bolsalar gerek — diýip, Tarik sözüni dowam etdirdi. — Menem şeýle pikir edýärin we men ýaňyja Braziliýa ýene-de adamlary iberdim. Klodett bireýýäm San-Paulada däldir diýip oýlaýaryn. Ol daglarda bolsa gerek. Emma biz ony we onuň bilen işleýänleriň baryny taparys. Men saňa wada berýärin. Emma munuň üçin sende bolmadyk wagt gerek. Sen haýal etmän ýitirim bolmalysyň. Tarigiň soňky birnäçe günläp ýaşan düýşi eredi. Bela dolanyp geldi. Ol ýene-de gaçmaly. Ylalaşmagyň neneň ýakymsyz bolýandygyna seretmezden, Rami mamlady. Eger Klodett Remziniň iberen ganhorlary Marokkoda Raniýany tapan bolsalar, olar Müsürde ony hem taparlar. Olar ony özüniň amala aşyrmadyk jenaýatynda günäkär etdiler. Olar oňa garşy Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň bütin polisiýasyny aýaga galdyrdylar. Ol Kair ýaly şeýle uly şäherde hem gizlenip bilmeýär. Emma ol Daliýany hem galdyryp bilmeýär. Ol özüniň oňa aşyk bolmaly däldigini bilýärdi, emma indi giç. Ol durup bilmedi. Eger bu gyz bilen bir zat bolaýsa, onda ol özüni hiç haçan hem bagyşlap bilmez. 35 Daliýa ýuwnulýan otagdan açykgök reňkli köýnekde we şol reňkdäki köwüşde çykdy. Hemişekisi ýaly, ol gaty owadan görünýärdi, emma Tarik başga zat hakda pikir edýärdi. Ony Daliýanyň kakasyndan gelen bu hat we Raminiň eden jaňy aladalandyrýardy. Näme etmeli? Nirä gitmeli? Bir pursatda ol baryny Daliýa gürrüň bermäge taýyndy, kim ol, nädip pul gazanýar, näme üçin gizlenýär we kim onuň yzyna düşüp ýör. Şeýle hereket etmek dogry bolardy. Emma bu oňat bolardymy? Ol çözgütlilik bilen bu pikirden azat boldy. Daliýa näçe az mälim bolsa, şonça-da oňat we howpsuz onuň üçin, diýip, Tarik çözdi. Eger ol ony dogrudanam söýýän bolsa, onda ony mergen hakyndaky, minalanan maşynlar we islendik pursat burçdan ganhoryň çykyp biljekdigi hakyndaky gürrüň bilen gorkuzmagyň geregi ýok. Belki-de, bu dogry bolardy diýip, ol pikirlendi, emma adalatly bolmazdy. Tarik sagada seretdi. Ol öz hereketleriniň planyny haýal etmän düzmelidi. Emma ol bir zatlar aýdyp ýetişmänkä, Daliýa onuň elindäki haty gördi. — Bu näme? — diýip, Daliýa ondan jogap talap etdi. — Sen muny nireden aldyň? Tarik bir zatlar diýmäge synanyşdy, emma Daliýa onuň sözüni böldi: — Bu meniň kakamdan gelen hatmy? Sen ony meniň sumkamdan aldyňmy? Nädip beýle edip bildiň? Tarik Daliýanyň şeýle hereketleri sebäpli aljyraňňylyga düşüpdi we düşündirmäge synanyşdy: — Men ýöne otagy tertibe getirdim we ol meniň elime düşdi. Men munuň nämedigini bilmedim. Daliýa onuň elinden haty kakyp aldy. Ol hiç haçan hem Daliýany beýle görmändi. Ol gyzarypdy, elleri titreýärdi. — Sen ony okadyňmy? — diýip, ol sorady. — Ony okamandygyňa ant iç. — Men saňa diýdim ahyryn — diýip, ol samrady, — men munuň nämedigini bilmedim. Sen dogrudanam mesihimiň? Seniň kakaň dogrudanam ruhy çopanmy? — Bu seniň işiň däl! — diýip, ol gygyrdy-da, haty epleşdirip, ýuwnulýan otaga ylgap gitdi we gapyny ýapdy. — Näme boldy? — diýip, ol wakalaryň şeýle gidişine aňk-taňk bolup aýtdy. — Näme bolýar? Hawa, men seniň kakaňyň hatyny okadym. Onsoň näme? — Seniň hakyň ýokdy! — diýip, Daliýa gapynyň o tarapyndan gygyrdy. Indi ol aglaýardy. — Sen meniň zatlarymy dörüşdirmäge hakly dälsiň, Tarik Jamil! Meni höküm etmäge seniň hakyň ýokdur! Sen meni eşidýärsiňmi? Hakyň ýok. — Sen näme hakda diýýärsiň? — diýip, ol gapynyň ýanyna gelip sorady, emma gapy iç tarapdan ildirilendi. — Men dörüşdirmedim we men seni höküm etmeýärin. Näme üçin men seni höküm etmelidirin? Meniň üçin ýöne gyzykly we bolany. Bolsana, Daliýa, bes et, gapyny aç. — Ýok, git şu ýerden! — diýip, ol gygyrdy. — Gitmerin — diýip, Tarik mümkin boldugyndan berk we arkaýynrak aýtdy. — Men seni söýýärin we sen hakda bar zady bilmek isleýärin. Men seniň ata-eneň hakda bilmek isleýärin. Nähili bolýandygyna seretmezden, seniň imanyň hakda bilesim gelýär. Seniň duşuşan oglanyň hakda we näme üçin araňyzy üzendigiňiz hakda. Baryny bilmek isleýärin. Tarik onuň aglamagyny bes edendigini eşitdi. Ol gapyny çekip gördi, emma ol ildirilgidi. Ol özi üçin uly mana eýe bolan gyzy bilen näme bolýandygyna düşünmän, gapynyň ýanynda oturdy. — Daliýa, haýyş edýärin, meni bagyşla — diýip, ol bolan ýagdaý hakda oýlanyp aýtdy. — Men dogrudanam puşman edýärin. Men haty tötänlikde aýan etdim, ant içýärin, emma sen mamla, men ony okamaly däldim. Emma ynanaý, men seniň göwnüňe degmek islemedim. Munuň seni gaharlandyrjakdygyny men bilmedim. Aramyzda bolanlaryň baryny diňe şu ýagdaýyň bozmagyna ýol bermäliň. Ol haýyş edýärdi, bu onuň üçin adaty zat däldi. Emma, görlüp oturşyna görä, ol maksadyna ýetip bildi. Daliýa bireýýäm aglamaýardy, ýöne burnuny çekýärdi we dem alşy kadalaşypdy. — Men näme edeýin? — diýip, Tarik sorady. — Ýöne aýt we men ony ederin. Birnäçe minutdan soň gapy çalaja açyldy. — Maňa beýle seretme — diýip, Daliýa burnuny çekip aýty. — Gözleriňi ýum. Men elhenç görünýärin. — Seretmän bilmeýärin — diýip, ol şonda-da gözlerini ýumup aýtdy. Ol gapynyň doly açylandygyny eşitdi. — Seniň aýdanlaryňyň bary dogrumy? — diýip, biraz wagtdan soň Daliýa sorady. — Hawa, bary — diýip, ol jogap berdi. — Sen dogrudanam meni söýýärmiň? — Hawa, men seni güýçli söýýärin. Bolmasa näme üçin men seni ogurlap, bu jennete getirerdim? Tarik muny özüniň aýdýandygyna ynanyp bilmeýärdi. Ol bu gyzy oňat bilmeýär. Ol hem ony oňat bilmeýär. Tarik özüne çynlakaý gatnaşyklar etmeklige rugsat berip bilmeýär. Emma bu gyzda bir zat bardy welin, Tarik munuň alnynda durup bilmeýärdi. — Bilmeýärin — diýip, Daliýa ýuwaşja aýtdy. — Men muňa düşünmäge synanyşaryn. — Diýmek, sen meni bagyşlaýarsyň? — diýip, Tarik ondan sorady. Ol sesini çykarmady. — Muňa hem düşünmäge synanyşaryn. Daliýa onuň ýanynda sowuk kafeliň üstünde oturyp, onuň elinden tutdy we gözünden ogşady. Ahyrsoňy ol özüne seretmäge Tarige rugsat berdi. Gözleri aglap gyzarandy, gözüne çalan syýalary eräpdi. Emma Tarik üçin ol öňküsinden hem owadandy. Ol Daliýanyň özüni näme üçin şeýle alyp barandygyna entegem düşünmeýärdi. Emma, ahyrsoňy, munuň näme manysy bar? Eger ol bir zatlar kabul etmeli bolsa, ol muny gaty çalt etmeli. Onda wagt ýok. Ol Lemýe bilen Goddaryň we müsür polisiýasynyň ähli ýollary ýapyp ýetişmänkäler, Şarmdan ökje götermelidir. Emma muny nädip etmeli? 36 Daliýa marihuanaly çilimi otlap, birini Tarige hem teklip etdi. — Bu problemalary çözmegiň usulymy? — diýip, Tarik ýagdaýdan nähili çykmalydygy hakynda oýlanyp sorady. Daliýa başyny atdy-da, çilimi bir gezek sordy. Tarik hem teklip edilen parahatly şertnamany kabul edip, ol hem bir gezek sordy. Olar tüssede birnäçe minutlap ümsüm oturdylar we soň Tarik sorady: — Saňa sorag bersem bolýarmy? — Hawa diýip pikir edýärin. — Näme üçin sen beýle gaharlandyň? Daliýa eginlerini gysyp, bakyşyny başga tarapa öwürdi. — Bilmeýärin. — Ýok, bilýärsiň — diýip, Tarik aýtdy. Daliýa ýene bir gezek çilimi sordy. — Özüm üçin amatsyz boldy diýip pikir edýärin. — Näme üçin? — diýip, Tarik ýene sorady. — Sen meniň mesihidigim hakda pikir edip bilerdiň, emma bu beýle däl. Meniň maşgalam mesihi, emma men ýok. Haçanda men kiçikäm, men ýöne roly oýnaýardym. Emma men hiç haçan hem ata-enemiň ynanýanyna ynanmaýardym. Bu meniň olardan gitmegimiň hem bir sebäbi. — Bu haçan boldy? — Gaty irdi — diýip, Daliýa jogap berdi. — Haçanda men kolleje okuwa girenimde bolsa gerek. — Şondan bäri sen dolanmadyň. — Hawa. — Sen öz maşgalaňy, dostlaryňy, şäheriňi küýseýärsiňmi? — Umuman, hawa — diýip, Daliýa oýlanyp jogap berdi. — Onda sen ol ýere baryp gelseň bolmazmy? Daliýa uludan demini aldy. — Çünki meniň kakam zalym hökümdar. — Zalym hökümdar? — Ol öz dininiň ähli düzgünlerine berk eýerýär, bu onuň ýaşaýyş durmuşy. Men beýle ýaşamaryn diýip çözüp, yzyma seretmän gitdim. — Olar nähili düzgünler? — Tapawudy näme? — diýip, Daliýa birden ýerinden turup, ýatylýan otaga gitdi we özüni krowada oklady. Duşuşyklara gitmeli däl, içmeli däl, neşe ulanmaly däl, ony etmek gadagan, muny etmek gadagan, ony etmeli, muny etmeli… — Sen nähili pikir edipdiň? — diýip, Tarik aýtdy. Ol hem krowatda ýatyp, ýokardaky ýelpewaja seretdi. — Ol ata. Atalar öz gyzlaryny goramalydyrlar ahyryn! — Eý, sen kimiň tarapyndasyň? — diýip, Daliýa aýtdy. — Gulak as, haçanda seniň gyzyň bolanynda, sen onuň arak içmegine, çilim çekmegine, meniň ýaly oglanlar bilen duşuşmagyna rugsat berermiň? Daliýa oňa tarap öwrülip, ýylgyrdy: — Belki-de, seniň ýaly bilen gezmegine rugsat bermerin. Tarik hem ýylgyrdy. Onuň kellesinde plan peýda boldy. — Diýmek, seniň kakaň ruhany, şeýle dälmi? — diýip sorady. — Hawa, ol ruhy çopany — diýip, Daliýa jogap berdi. — Tapawudy barmy? — Umuman, ýok. — Ol ýygnaga ýolbaşçylyk edýär, adamlara Isa hakda gürrüň berýär, garyplar hakda alada edýär we şuňa meňzeşlermi? — Hawa, şeýleräk. — «Petra Baýbl Çýorç» näme? — Bu meniň ulalan ýygnagym. Kakam onda entek men dogulmankam hem ruhy çopandy. — Ol ulumy? Daliýa eginlerini gysdy. — Ol ulalýar. Meni kiçi wagtymda, onda 30-40 adam bardy we çagalar ýok diýen ýalydy. Häzir bolsa, bilşime görä, onda 150 adam bar we esasan-da maşgalalar, ýaş çatynjalar we kän çagalar. — Şol ýerde sen bu Kalim bilen tanyş bolduňmy? — Ýok — diýip, Daliýa başyny çaýkady. — Nirede? — Kollejde, ikinji kursda. Biz joralarymyz bilen dynç günlerinde Pariže gitdik. Biz onuň bilen kafede tanyşdyk. — Onsoň? — Näme onsoň? Men oňa ýaradym, ol hem maňa. Biz duşuşyp başladyk, emma mundan hiç zat çykmady. Bidereklik. — Emma seniň kakaň üçin bu bidereklik bolmandyr — diýip, Tarik belledi. — Kakam ony ýigrenýärdi — diýip, ol jogap berdi. Biraz oýlanyp durup, Daliýa anyklaşdyrdy, — ýogsam, ýigrenmedi. Meniň kakam ýigrenip bilmeýär. Emma ol ony anyk goldamady. — Näme üçin? — Çünki Kalim mesihi däl. Umuman, ol hiç kim. Din ony gyzyklandyrmaýar. Emma kakam üçin bu ýerlikli däl. Heniz men kiçikäm, ol meniň mesihi ýigide durmuşa çykmalydygymy aýdypdy we nokat. — Näme üçin sen Kalim bilen duşuşdyň? — Kakam kän zat diýmeýärmi?! — diýip, Daliýa nägilelik bilen jogap berdi. — Men islänime durmuşa çykaryn we munuň kakama ýaraýandygy ýa-da ýokdugy meni gyzyklandyrmaýar. Bu meniň durmuşym, onuňky däl. Kime durmuşa çykjakdygym we umuman çykjakdygym ýa-da ýokdugym onuň işi däl. Ýogsa-da, men özümiň onuň düzgünleri boýunça ýaşamaýandygym üçin höküm etmegini asla islemeýärin… Gulak assana, biz meniň kakam bilen öňki ýigidimden başga bir gyzyklyrak zat hakda gürrüň edip bilerismi? — Hawa — diýip, Tarik özüniň planynyň şonda-da başa baryp biljekdigi hakynda oýlanyp aýtdy. — Iýmek isleýärsiňmi? — Açlykdan ölüp barýaryn, — diýip, Daliýa jogap berdi. — Bu gaty oňat, menem aç — diýdi. — Aşak düşüp, ertirlik naharyny edineliň. Mundan başga-da, mende seniň üçin sowgat bar. Daliýanyň gözleri ýalpyldady. — Çynyňmy? — diýip, ol sorady. — Nähili? — Görersiň — diýip, Tarik jogap berdi. — Her zadyň öz wagty. 37 Marokkoda iş gutarypdy. Kaire gelip, Lemýe bilen Goddar aeroportyň howpsuzlyk boýunça başlygy bilen duşuşdylar. Birnäçe sagatlap olar syn ediji kameralara seretdiler, Marwan Akkadyň dogrudanam Kairde bolandygyna tassyklama tapmaga umyt edip, olar gelip giden ýolagçylar baradaky maglumatlary kompýuterlerde öwrenýärdiler. Agtaryşy Marwanyň indi Jek Kardell ady bilen däl-de, başga bir at bilen syýahat edýän bolaýmagy kynlaşdyrýardy. Onda ol nähili at bilen geldikä? Eger ol Müsüre gelen bolsa, onda entegem şu ýerdemikä? Özüniň aýdyşy ýaly, duýgularyna bil baglap, Lemýe öz adamlaryny Aleksandriýa, Abu-Dabi we El-Kuweýte iberdi. Emma ol Marwanyň Kaire gelendigine ynamlydy we şonuň üçinem agtaryşy ilki bilen şu ýerde alyp barmaly. Goddaryň telefony jyňňyrdady. Bu Dýuwalldy we ol dessine trubkany eline aldy. — Kolett, sende täze maglumat barmy? — Hawa, şeýle, ser — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Bu gaty wajyp bolup biler. — Sen Marwany tapdyňmy? — Ýok diýip gorkýaryn. — Onda näme? — diýip, Goddar ony howlukdyrdy. — Rafik Remziniň jaýyndaky kameranyň ýazgysy ýadyňyzdamy? — Hawa. — Marwanyň bir uly bukjadan çykaryp, Remzä bir zady görkezendigi ýadyňyzdamy? — Ýadymda — diýip, Goddar aýtdy. — Nähilidir bir suraty? — Hut şeýle. — Onsoň näme? — Biziň hünärmenlerimiz ahyrsoňy ony ulaldyp bildiler. Näme aýan edilendigini bilýärsiňizmi? — Näme, aýdyber — diýip, Goddar ony howlukdyrdy. Bir sagada galman, ol Rami Akkad bilen gürrüňdeşlik üçin Beýruta uçmaly. Onda tapmaçalary ýormak üçin wagt ýok. — Bu Klodett Remziniň suraty — diýip, Dýuwall aýtdy. Bu surat San-Paulada, Braziliýadaky bankyň syn ediş kamerasyndan alnan surat. Goddar gaty geň galdy. Ol geplemek ukybyny ýitirdi. Ötünç sorap, ol otagdan çykdy, ol özüniň alan maglumatynyň üstünde ýekelikde oňatja oýlanmalydy, Lemýeniň öz ýanynda bolmazyndan we koridorda gürrüňini dowam etdirdi. — Klodett Remzi? — diýip, ol ýekelikde galyp sorady. — Bu anykmy? — Düýbünden — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Suratda wagt we sene, şeýle-de hanym Remziniň egniniň üstünde diwarda bankyň logotipi görkezilen. Men jikme-jiklerini size elektron poçta boýunça iberdim. Goddar entegem ynanyp bilmeýärdi. Bu dogrudanam gaty wajyp, emma bu nämäni aňladýar? Bu babatda onuň düşünjesi ýokdy we oňatja pikirlenmegi üçin ýeterli wagty bolan Dýuwalla bu soragy berdi. — Men bilmeýärin, ser, menem edil siz ýaly haýran galyp durun — diýip, ol boýun aldy. — Şonda-da, sen nähili pikir edýärsiň, bu näme bolşy mümkin? — diýip, Goddar ýene sorady. — Sende nähili bolsa-da bir çaklamalaryň barmy? — Näme, bu hanym Remziniň nirede bolýandygynyň Marwana mälimdigini we munuň yzysüre, Rafik Remziden haýýarlyk bilen pul almaklyga onuň gatnaşýandygyny subut edýär. Bolmasa jenap Akkadda bu surat näme üçin bolsun? — Näme bolşy mümkin — diýip, Goddar alan maglumatynyň üstünde oýlanyp aýtdy. Emma bu teoriýada nähilidir bir näsazlyk bar. — Nähili? — diýip, Dýuwall ondan sorady. — Nähili? — diýip, Goddar oýlandy. — Hawa, nähili? — Ol aeroportyň zalyna çykdy. Ol oňatja oýlanmalydy we inspektor Lemýeden daşrakda bolmalydy. Bu yzdy we gaty wajyp yz we Goddar bu hakda Skeletiň bilip, ara goşulmazyndan ozal ol muny derňäp, munuň manysyna düşünmek isleýärdi. Gazet dükanynyň alnynda saklanyp, ol gazetleriň sözbaşylaryny okap başlady. Ertir irden olaryň birinji sahypasynda Marwan Akkadyň suraty, şeýle-de, Monakodan Marokko çenli çekilip gelnen ganly yzyň taryhy we merkezi şu wagt Kair bolup duran, güýç alyp barýan halkara derňeme hakyndaky gürrüň bolar. 24 sagatdan soň Müsürde hemmeler bu hakda bilerler we Marwanyň gaçmaga ýeri bolmaz. Goddar özüne bir käse kofe buýurdy-da, ädimleri bilen zaly ölçemegini dowam etdirdi. — Kolett — diýip, ahyrsoňy ol aýtdy, — eger Marwan Akkad dogrudanam Klodett Remziniň ogurlanmagyna gatnaşýan bolsa, onda näme üçin ol Rafik Remziniň jaýyna baryp, onuň bilen şahsy ýagdaýda duşuşmagy gerek? Özüni we bütin operasiýany howp astyna salmak nämä gerek? Eger hatda Marwan arap dünýäsindäki iň baý we tanymal adamlaryň biri bilen bäsleşmek islär ýaly şeýle bir samsyk bolan bolsa (ol, meniň pikirimçe, samsyk adama meňzemeýär), onda nädip ol Remzini özüniň ýanynda öldürilmegine ýol berip bildi? Sen muny nädip düşündirýärsiň? Kän wagt ümsümlikden soň Dýuwall aýtdy: — Belki-de, özüne günäsizligi üpjün etmeklik üçindir? — Belki — diýip, Goddar ylalaşdy, — onda minalanan maşyn näme? Ol tas ölüpdi. Onsoňam Monte-Karloda «Meridýende» ony kim öldürmäge synanyşdy? Eger Marwan ogurlama, haýýarlyk etmeklige we adam öldürmeklige gatnaşmadyk bolsa, onda bularyň baryna düşündirişi nireden agtarmaly? — Siz mamla, ser — diýip, Dýuwall boýun aldy. — Onda näme üçin Marwanda hanym Remziniň bu suraty bardy? Onuň Kasablankada öldüren bu iki aýaly näme? — Öldürdi diýip çak edýärler — diýip, Goddar anyklady. — Emma, ser, onuň barmaklarynyň yzlary Raniýa Fawazyň bütin otagynda bardy — diýip, Dýuwall aýtdy. — Onuň şol ýerde bolandygyna şübhe ýok. Subutnamalar jedelsiz. Mundan başga-da, otagda başga biriniň bolandygy hakynda maglumat ýok. Siz muny nädip düşündirjek? Bu iki ganhorlykda Marwan Akkadyň günäkärdiginden başga nähili netije çykaryp bolar? 38 «Ris Karlton» myhmanhanasynyň eýwanyndan Gyzyl deňiz oňat görnüp durdy. Palma agajynyň kölegesindäki iki adam üçin niýetlenen stoluň başynda Marwan Akkad (ýa-da Tarik Jamil) otyrdy. Onuň ýanyna kafeteride nobata duran Daliýa Nur gelip, bile oturmalydy. Stolda süýtli heýgenek, ir-iýmişler, bir stakan pyrtykal şiresi we gara kofe bardy, emma ol iýmit hakda pikir edip bilmeýärdi. Onuň pikirleri tertipsizdi. Ýüregi gaty çalt urýardy. Eger oýlap tapany başa barmasa (üstünligiň mümkinçiligi başdan başlap uly däldi), onda gaty az mümkinçilik we gaty az wagty galar. Ol bir bölek garpyzy eline aldy, emma iýeri ýaly gaty birahatdy. — Ser — diýip, ol stola hyzmat edýän işgäri çagyrdy, — şu kofeniň deregine maňa kofeinsiz kofe berip bilersiňizmi? — Elbetde, ser — diýip, ol Tarigiň käsesini aldy we oňa kän berk bolmadygyny getirip berdi. — Baş üstüne. Tarik gaýmak bilen şeker goşdy. Daliýa hem geldi. Ol ýertudanaly we ýaýylan gaýmakly gatlakly getirdi. Tarik ýerinden turup, onuň daş-keşbini we saýlan süýjüsini öwüp, oturgyjyny süýşürdi. Ol gaty akýürek gürleýärdi, emma wagty çekýändigini boýun alýardy. Emma näçe howsalanýandygyna seretmezden, işi yza çekmek bolmazdy. Ol öz ýerinde oturmady-da, Daliýanyň öňünde dyza çöküp, onuň elinden tutdy. — Tarik, sen näme edýärsiň? — diýip, Daliýa utanyp sorady. — Bol, ertirlik naharyňy iý. Sen ajygansyň diýip oýlapdym. — Hawa, emma bu iýmitden hem wajyp — diýip, Tarik aýtdy. Daliýa degişme bilen jogap bermäge synanyşdy, emma ol Tarigiň şu wagt açan elindäki kiçijik mahmal gutujygyny gördi. Onuň içinde Daliýanyň şu wagta çenli görmedik iň owadan we gymmatbaha göwherli ýüzük bardy. Daliýanyň ýüzünde geň galma we şatlyk bardy, Tarigiň görmek isläni. Birnäçe aý mundan ozal ol muny Raniýanyň ýüzünde görmek isläpdi, emma şonda onuň umytlary amala aşmandy. Olar şu wagt amala aşmaly. — Daliýa — diýip, ol diýen etmezek sesi bilen gürläp başlady, — men entek az wagtyň geçendigine düşünýärin. Emma men seni durmuşymda söýenlerimiň islendiginden kän söýýärin. Men kimdir birini şeýle söýüp bilerin diýip oýlamandym. Munuň gaty çalt bolup geçýändigi ýaly bolup görünýändigini men bilýärin. Bu hut şeýle-de bolsa gerek. Emma haçanda seniň bir zatda ynamly bolanyňda, bu wajyp däl, men bolsa galan ömrümi seniň bilen geçirmek isleýändigime ynamlydyryn. Men seni dünýädäki iň bagtly aýal etmek isleýärin. Eger sen meniň aýalym bolmak isleseň, onda özümi iň bagtly adam etjekdigiňi men bilýärin. Daliýa Nur, sen maňa durmuşa çykarsyňmy? Daliýa daň gününiň şöhlelerinde ýalpyldaýan göwhere seretdi. — Tarik, men… näme diýjegimi bilmeýärin — diýip, ol säginip aýtdy. — Bu dogrudanam gaty çalt. Men ýaňyja seniň bilen gaty gödek boldum, ýöne maşgalam hakda soranyňda, men seniň üstüňe topuldym. Näme üçin sen men ýaly aýala öýlenmek isleýärsiň? — Çünki sen, meniň ykbalym — diýip, ol mähir bilen aýtdy, — we hut seniň bilen hemişe bolmaklyk meniň üçin kesgitlenilen. Daliýa gözlerini ýüzükden galdyryp, onuň gözlerine seretdi we aglady. — Bu haçan-da bolsa özüme aýdylan sözleriň iň oňatlary, Tarik — diýip, ol gözýaşlary bilen aýtdy. — Hawa, men saňa durmuşa çykaryn, Tarik Jamil. Bu meniň üçin hormat. Daliýa ony ogşamak isledi, emma ol ony saklady. — Mende bir şert bar — diýip, ol Daliýany duýdansyzlykda goýup aýtdy. — Şert? — diýip, ol düşünmän sorady. — Nähili şert? Uludan demini alyp, Tarik jogap berdi: — Sen meni öz ýanyň bilen Iordaniýa alyp, öz ata-eneň bilen tanyşdyrarsyň we olar bilen ylalaşmaga synanyşarsyň. Daliýa gaýga batdy. — Meniň pikirimçe, bu oňat pikir däl. — Biz muny etmelidiris. Indi Daliýa uludan demini aldy we başyny ýaýkady. — Men saňa diýdim ahyryn, meniň kakam zalym hökümdar — diýip, ol düşündirip başlady, — ol seniň mesihimiň ýa-da ýokdugyňy bilmek islär. Eger ýok bolsa, ol seni öz öýünden kowar. Eger-de hawa diýseň, ol seniň aldaýandygyňy ýa-da ýokdugyňy biljek bolup, ençeme sagatlap soraga tutar. Sen meniň ata-enemi bilmeýärsiň, Tarik maňa ynanaý, sen olary bilmeseň oňat bolar. — Bagyşla meni, Daliýa, emma bu şert ara alnyp maslahatlaşylmaýar. — Ara alnyp maslahatlaşylmaýar? — Hawa — diýip, ol tassyklady. — Munuň edil nämedir bir erbet ýa-da utanç zat bolşy ýaly edip, men saňa gizlinlikde öýlenmek islemeýärin. Men seniň kakaňdan pata almak isleýärin. Seniň bütin maşgalaňdan. Daliýa edil temany ýapýan ýaly edip güldi. — Saňa üstünlik arzuw edýärin, Tarik, emma sen ony hiç haçan hem almarsyň. — Maňa ynanaý, seniň kakaň bilen özüm düşünişerin — diýip, ol aýtdy. — Bu saňa nämä gerek? — Çünki, Daliýa, maşgaladan başga hiç bir wajyp zat ýok — diýip, ol onuň ýaňagyndan sypalap jogap berdi. — Maňa ynanaý, men öz ata-enemi dolandyrmak üçin bar zadymy bererdim. Meniň üçin bu mümkin däl. Emma seniň üçin mümkin. — Sen nämä baş goşýandygyňy bilmeýärsiň, Tarik — diýip, ol duýduryş berdi. — Sen ýöne göz öňüne getirmeýärsiň. Daliýa mamla bolsa gerek diýip, Tarik öz içinden oýlandy. Emma Daliýa özüniň nämä ylalaşýandygyny bilmeýärdi. Pursat geler we Tarik oňa bütin hakykaty gürrüň bermeli bolar. Emma şu wagt däl. Ilki bilen oňa Daliýanyň ylalaşygy gerek, özüne durmuşa çykyp, Iordaniýa, Petra gitmekligi gerek. Diňe şonda we şol ýerde kiçijik şäheriň howpsuzlygynda, Lemýe bilen Goddardan we Klodett Remziniň iberen ganhorlaryndan daşda, ol Daliýa bütin hakykaty aýtmak hakda pikir edip biler. Ondan ir däl. — Bu dogrudanam seniň üçin şeýle wajypmy? — diýip, Daliýa sorady. Ol onuň gözlerine seredip, başyny atdy. — Hawa. — Onda bolýar — diýip, Daliýa ahyrsoňy aýtdy. — Sen haçan gitmek isleýärsiň? Mende Täze ýylyň öň ýanynda dynç günlerim bolar. — Ýok, gaty kän garaşmaly, hut şu wagt gideris — diýdi. — Sen däli bolupsyň! — diýip, Daliýa haýran galdy. — Biz şu wagt gidip bilmeris! — Näme üçin? — diýip, Tarik sorady. — Biz seniň ata-eneňe garaşylmadyk sowgat ederis. Hüjüm ederis, maňa ynanaý, şeýle bolanda oňat bolar. Olar haýran galarlar we seni görmäge şat bolarlar, men bolsa seni getirendigim üçin öwgä mynasyp bolaryn. — Bilmeýärin — diýip, Daliýa şübhelendi. — Şu hepdäniň we bütin indiki hepdäniň içinde men reýse gitmeli. — Özüňiň durmuşa çykýandygyň hakynda aýdarsyň — diýip, Tarik aýtdy. — Bu sebäpli saňa dynç güni berilmelimi? Olary ulanarsyň. — Emma men düşünmeýärin, beýle howlukmaçlyk nämä gerek?— diýip, Daliýa aýtdy. — Men ata-enem bilen bäş ýa-da alty aý görüşmedim. Özümiň biraz taýýarlanmagym üçin ýene birnäçe hepde garaşyp bolmazmy? — Ýok — diýip, Tarik öz diýeninde berk durdy. — Men saňa diýdim. Men seni söýýärin we sensiz ýaşap bilmeýärin. Biz goşlarymyzy ýygnap, şu günüň özünde gideris. Haçanda özüňiň bosagada peýda bolanyňy we barmagyňdaky şuny görenlerinde, ata-eneňiň ýüzlerindäki aljyraňňylygy göz öňüňe getirip gör… Ol gutujykdaky göwherli ýüzügi çykardy-da, onuň barmagyna dakdy. Ol gaty oňat görünýärdi. Daliýanyň özi hem gaty oňat görünýärdi. Ahyrsoňy ol boýun synyp, «hawa» diýdi. 39 Tarik bilen onuň gelni «Risadan» günortan çykyp, takside Müsüriň demirgazygyndaky Nuweýba şäherjigine tarap ýola düşdüler. Olar günortanlyk naharyny edinip, Daliýanyň garyndaşlary üçin sowgatlar satyn aldylar. Onsoň olar Iordaniýanyň günortasyndaky Akaba portuna çenli ulugämä bilet satyn aldylar. Suwasty ganatly gämi birnäçe minut dörde işläninde ýola düşdi. Ýol bir sagatlyk boldy. Ýene biraz wagt geçdi we olar Petra baryp ýetdiler we Daliýanyň çagalygynyň geçen ýeri bolan kän otagly jaýa baryp ýetdiler. — Şonda-da, bu oňat pikir däl, Tarik — diýip, Daliýa aşgazan burgusyna we ýürek bulanmasyna şikaýat edip, ençeme gezek gaýtalaýardy. — Bary oňat bolar, mähribanym, maňa ynanaý — diýip, Tarik onuň elini mähir bilen gysyp, elindäki ýüküni alyp aýtdy. Ol özüniň mamladygyna umyt edýärdi. Olar jaýa girdiler, bäşinji gata galyp, gerekli gapynyň alnynda saklandylar. Daliýanyň elleri titreýärdi. Tarik jübüsinden arassa el ýaglygyny çykardy, onuň bilen Daliýanyň ýüzündäki we ýokarky dodagyndaky der damjalaryny süpürdi. — Men seni söýýärin — diýip pyşyrdady. Daliýa onuň gözlerine seretdi, olarda özi üçin ýetmezçilik edýän ynamlylyk bardy. — Menem seni söýýärin, — diýip, Daliýa jogap edip pyşyrdady. Tarik ýylgyrdy we uludan demini alyp, gapyny kakdy. — Nadim, kimdir biri gapyny kakýar — diýip, aýal sesi eşidildi. — Sen kimdir birine garaşýarsyňmy? — Ýok, garaşmaýaryn. Men telefonda gürleşýärin, mähribanym, özüň gapyny açarmyň? — Bolýar. Birje minut, barýaryn. — Bu meniň ejem, Rima — diýip, Daliýa ýuwaşja aýtdy. — Kakaňyň ady Nadimmi? — Hawa. Daliýa Tarigiň elini berk gysdy. Ol özüniň sowgat eden nika ýüzügini Daliýanyň aýrandygyna üns berdi. Ol bir zatlar diýjek boldy, emma munuň üçin wagt ýokdy. Ýogsa-da, Daliýa mamla bolsa gerek. Ata-enesini bu täzelik bilen aňk-taňk ederleri ýaly entek gaty ir. Mundan öň kän zatlary etmek gerek (azyndan, diri galmagy). Gapy açyldy we Rima Nur özüniň ençeme ýyllap görmedik gyzy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol elli ýaşyndan gegipdi, saçlary agaryp başlapdy we ol azajyk semräpdi, emma entegem gaty owadanjady. Tarik onuň gyzy bilen gözleriniň birdigine üns berdi. Öz perzendini görüp, hanym Nur «wah!» diýip galdy. Ol elini agzyna eltip, edil jyn görýän ýaly, geň galmakdan gürläp bilmän galdy. Emma biraz wagtdan soň ol soramak üçin özünde güýç tapdy: — Daliýa, bu dogrudanam senmi? — Hawa, eje. Seni gaty göresim geldi. — Meniň gyzjagazym, menem seni gaty küýsedim, seni şeýle bir küýsedim — diýip, hanym Nur şatlykly aýtdy. — Men seni söýýärin, eje. — Menem seni söýýärin, gyzym. Menem seni söýýärin. Ol Daliýany gujaklady. Olar ogşaşyp, aglaşdylar. Tarik päsgel bermez ýaly yza çekildi. Ejesi bilen gyzynyň bir-birlerine duýýan söýgüleri oňa gaty täsir etdi. Ol özüniň hem ata-enesini, aýratynam ejesini gaty küýseýändigine düşündi. Onuň kükreginde ýüregi çalt urup başlady we birden ol özüni bu ýerde özge we çagyrylmadyk ýaly duýdy. Haçanda hanym Nur özüne geleninde, oňa nähili garar? Ol Tarigi gördümikä? Belki-de, ol ony taksiçi ýa-da ýük daşaýjy hökmünde kabul edendir? Haçanda Tarik özüniň kimdigini we näme üçin bu ýere gelendigini düşündireninde, Daliýanyň ejesi näme diýer? Jenap Nur näme diýer? Ol dogrudanam Daliýanyň beýan edişi ýaly zalym hökümdarmyka? Muny Tarik bilmeýärdi. Ol Daliýanyň özüni az bilýärdi, onuň ata-enesi hakda gürrüň hem etmegiň geregi ýok. Emma ýormagyň manysy ýokdy. Ol tizden bu soraglara jogap alar. — Eje — diýip, ahyrsoňy Daliýa Tarigiň el ýaglygy bilen ejesiniň gözýaşlaryny süpürip ýüzlendi. — Hawa, gyzym. — Eje, men seni kimdir biri bilen tanyşdyrmak isleýärin. Tarik ýylgyrdy. Hanym Nur howsalandy. — Wah, men bilmändirin… — diýip, ejesi aýtdy. — Men pikir etdim… — Eje, bary oňat — diýip, Daliýa Tarigiň elinden tutup aýtdy. — Bu Tarik Jamil. Öýe gelip, siziň bilen görüşmegimi ol ynandyrdy. — Şeýlemi? — diýip, hanym Nur aýtdy. — Diýmek, siz, Tarik Jamil meniň dileglerimiň jogaby. Baş üstüne, giriň. Men biziň hemmämiz üçin çaý demläýin. — Sag boluň, hanym Nur — diýip, Tarik ýylgyryp aýtdy. — Siz gaty mylakatly. Indi men Daliýanyň kime meňzändigini bilýärin. Olar otaga girip, köwüşlerini çykardylar we Daliýanyň kakasy girip geldi. — Rima, bu nähili sesler? Men… Ol Daliýany görüp, sem boldy. Ol haýran galmadan agzyny açdy. Onuň gözleri gözýaşlardan doldy. Ýekeje-de söz aýtman, ol elini Daliýa uzatdy. Daliýa hem onuň gujagyna özüni atdy. Ikileri-de agladylar. — Meniň gyzym öýe dolanyp geldi — diýip, ol burnuny çekdi. — Meniň Daliýam ahyrsoňy geldi. Minnetdar Saňa, Isa. Minnetdar. Sen dilegleri eşdip, olara jogap berýärsiň. Goý, Seniň adyň arşa göterilsin! Tarik damagynyň dolandygyny duýdy. Ýene biraz we ol hem müňňürip aglardy. Ol bu öýde birje minut hem bolmandy, emma öz durmuşynda hiç haçan hem başyndan geçirmedik söýgini gördi. Çopan Nur öz gyzyny ogşap, gujaklamagyny bes etdirenokdy. Ol Isanyň adyny-da alkyşlamagyny goýanokdy. Olaryň gyzy edil ol dünýäden dolanyp gelen ýalydy we Tarigiň oýlaýşy ýaly, kesgitli manyda bu hut şeýle-de bolupdy. — Daliýa — diýip, ejesi birnäçe wagtdan soň ýüzlendi. — Hawa, eje — diýip, Daliýa oňatrak görüp bilmegi üçin gözýaşlaryny süpürip aýtdy. Hanym Nur Tarige seretdi-de, sorag beren baly edip, gaşlaryny galdyrdy. — Hawa — diýip, Daliýa kakasyna seretdi-de, gözýaşlardan öl bolan el ýaglygy bilen onuň ýüzüni süpürdi. — Kaka, men seni özüm üçin aýratyn bolan adam bilen tanyşdyrmak isleýärin. Bu Tarik Jamil. Meniň öýe gelip, siziň bilen görüşmegime ol meni yrdy. Men isleýärdim, emma men… gorkýardym diýip oýlaýaryn. Özümi siziň nähili garşy aljakdygyňyzy bilmeýärdim, entegem maňa gaharlanýarsyňyzmy ýa-da ýokdugyňyzy bilmedim. Emma Tarik maşgaladan wajyp zadyň ýokdugyny aýtdy. Ol meniň bilen bile gitmegi teklip etdi. Çopan Nur Tarigiň gözlerine seretdi. Tarigiň ýüzi agraldy. Ol gahary, şübhe ýa-da hökümi görmäge garaşýardy. Ol muňa bütin gün taýýarlanypdy. Emma diňe çäksiz ata minnetdarlygyny gördi. — Men entek sizi tanamaýaryn, ýaş ýigit, emma siz meniň üçin uly sowgat etdiňiz — diýip, ruhy çopan aýtdy. — Siz şunça ýyldan soň gyzymy meniň öýüme alyp geldiňiz we munuň üçin men çäksiz minnetdardyryn. Goý, size Hudaý pata bersin, oglum. Haýyş, biziň bilen agşamlyk naharyny ediniň we bizde ýatyp galyň. Biziň öýümiz — siziň öýüňiz. Siz bu ýerde arzyly myhman. Tarik özüne görkezilen myhmansöýerlige gaty haýran bolupdy (ýa-da, dogrusyny aýdanda, gepleýiş ukybyny ýitiripdi). Emma ol özüne garaşýan kynçylyklar, yzyna düşýänler hakynda ýadyndan çykarman, ýeňillik bilen demini alyp bilmeýärdi. 40 Inspektor Goddar Beýrutyň polisiýa müdürliginiň sorag etmek üçin niýetlenen hiç zady bilen üýtgeşik bolmadyk otagynda stoluň başynda Rami Akkadyň garşysynda otyrdy. Ol çilim otlady, emma Rama çilim telkip etmedi. Ol ýalany biliji guraly goşýançalar, sabyrsyzlyk bilen garaşýardy we Marwan Akkad hakynda gerek bolan maglumaty alyp bilerin diýip umyt edýärdi. Haçanda enjamçy işini gutaranynda, Goddar magnitofony işletdi. — Barynyň anyk bolmagy üçin gaýtalalyň: siz özüňiziň kasam astyndadygyňyza düşünýärsiňizmi? — diýip, ol başlady. Rami eginlerini gysdy. — Diňe «hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap beriň, haýyş we jogaplaryňyzyň oňat ýazylmagy üçin aýdyň gürläň. — Bolýar: hawa, men kasam astyndadyryn. — Gaty oňat, başlalyň — diýip, Goddar aýtdy. — Siziň adyňyz Rami Akkadmy? — Siz muny bilýärsiňiz. — «Hawa» ýa-da «ýok». — Diýmek, hawa. — Siz — «Akkad we hyzmatdaşlar» firmasyna şärik adammy? — Elbetde. — «Hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap beriň, jenap Akkad. — Hawa. — Bu — gorag edarasymy? — Ýeri, owadanlyk salony däl ahyryn. — Belki-de, siz ýagdaýyň çynlakaýdygyna düşünýän dälsiňiz, jenap Akkad. Men sizi öz soraglaryma jogap bermekden ýüz öwürýändigiňiz üçin türmä iberip bilýärin. Sizi ýalan maglumat üçin hem türmä basyp bilerin. Şonuň üçin azrak gonorar we köpräk hemaýat, düşnüklimi? Rami ýene-de eginlerini gysdy. — Şeýlelikde, siziň edaraňyz Ýakyn Gündogarda işleýän firmalaryň ýolbaşçylarynyň goragyny üpjün edýärmi? — Hawa. — Siziň hyzmatdaşyňyz, ol hem siziň doganyňyz Marwan Akkadmy? — Hawa. — Siziň doganyňyzy Rafik Remzi öz gyzynyň öldürilmegini we aýalynyň ogurlanmagyny yzarlamak üçin kireýine tutdumy? — Hawa. — Bu iş üçin siziň firmaňyz öňünden 500 müň ýewro we munuň üstesine-de çykdajylaryň tölegini aldymy? Rami haýran galdy: — Neneň… — «Hawa» ýa-da «ýok», jenap Akkad, men siziň kasam astyndadygyňyzy ýatladýaryn. — Hawa — diýip, Rami ahyrsoňy aýtdy. — Marwan bu aýallaryň öldürilmegi ýa-da ogurlanmagy bilen baglymy? — Ýok. — Ol Remziniň maşgalasyndan haýýarlyk bilen pul almaga synanyşdymy? — Ýok. — Ol şu wagt Remziniň maşgalasyndan haýýarlyk bilen pul almaga synanyşýarmy? — Ýok. — Dogrudanammy? — diýip, Goddar otagda ädimlemegini dowam etdirip aýtdy. — Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda size şeýle sorag bermäge rugsat ediň. Rafik Remziniň öldürilen güni siziň doganyňyz Klodett Remziniň haýsy ýurtdadygyny bilýärmidi? Rami ýüzüni çytdy. Birnäçe sekunt geçdi, emma ol jogap bermedi. Ol gözlerini ýumdy. — Şeýlelikde, ser — diýip, Goddar öz diýeninde berk durdy, — bilýärmidi? Rami öňküsi ýaly hiç zat jogap bermeýärdi. — Meniň bilen oýun etmäň, jenap Akkad. Siz biziň bilen işleşersiňiz, ýa-da türmä gidersiňiz we biz siziň firmaňyzyň aktiwlerine arest goýarys. Ýene bir gezek sizden soraýaryn: jenap Remziniň öldürilen güni siziň doganyňyz hanym Remziniň haýsy ýurtdadygyny bilýärmidi? — Hawa. — Bu ýurt — Braziliýamy? Ýene-de Rami Goddarda bar bolan maglumata haýran galdy. — Hawa — diýip, ol çözgütsizlik bilen jogap berdi. — Doganyňyzda hanym Remziniň San-Paulanyň bankynda wagtyndaky suraty barmydy? — Hawa. — Hanym Remziniň ulalan hasap nomeri Marwana mälimmidi? — Şol wagta çenli bilipdi, emma… — Hawa ýa-da ýok, jenap Akkad. — Diýmek, hawa. — Şu wagtyň özünde «Akkad we hyzmatdaşlar» firmasynyň onlarça işgärleri Braziliýanyň San-Paula etrabynyň daglarynda işleýärlermi? Rami hiç zat jogap bermedi, emma Goddar ony aljyraňňylyga getirendigini bilýärdi. Öz çeşmelerinden alan onuň maglumaty hakykata laýyk gelýärdi. Ol Ramini edil hoz kimin döwer. — Şeýlelikde, jenap Akkad, işleýärlermi? — Hawa, işleýärler. — Bu adamlar ýaraglananmy? — Hawa. — Olar şu gün irden size jaň edip, hanym Remzi bilen näme etmelidigi hakynda soradylarmy? Goddara Raminiň ýüzündäki haýran galmany görmek ýakymlydy. — Siz düşünmeýärsiňiz, men… — Olar sizden: «Onuň bilen näme etmeli?» diýip soradylarmy? — Siz meniň telefonymy diňläpsiňiz. — Hawa. Şeýlelikde, olar size bu soragy berdilermi? — Hawa. — Siz jogap berip: «Entek hiç zat. Bu aňsat däldir. Men tizara siziň bilen habarlaşaryn» diýdiňizmi? — Hawa. — Jenap Akkad, siz ýa-da siziň doganyňyz Klodett Remziniň ogurlanmagynyň arkasynda dursuňyzmy? — Ýok — diýip, Rami basymly aýtdy. — Siz ony gurnadyňyzmy? — Ýok. — Çynyňyzmy? Emma siz onuň nirededigini bilýärsiňizmi? — Hawa. — Siziň adamlaryňyz onuň şu wagtky jaýyny taşlap gitmegine rugsat bermezler, şeýlemi? — Hawa. — Onsoň men siz bilen siziň doganyňyzyň bularyň barynda günäkär däldigiňize ynanmalydyryn, şeýlemi? — Hökman. — Emma bu asla aňsat däl, jenap Akkad. Size şeýle sorag bermek isleýärin: siziň doganyňyz geçen hepde Kasablankada, Marokkoda boldumy? — Hawa. Ol bir wagtlar özüne durmuşa çykmakdan boýun towlan Raniýa Fawaz atly aýalyňka bardymy? — Hawa. — Şu wagt bolsa hanym Fawaz bilen onuň bilen bile bir otagda ýaşan goňşusy öli, şeýlemi? — Hawa, emma Marwan muny edip bilmezdi, siz başga birini gözleýärsiňiz… — Bes! — diýip, Goddar gygyrdy. Ol soragyň gidiş ýagdaýynyň bozulmagyny islemeýärdi. — Siz ýa-da meniň soraglaryma jogap berip, meniň görkezmelerime eýerersiňiz, ýa-da gijäni türmede geçirersiňiz, düşnüklimi? Rami ellerini kükreginde birikdirdi. — Siziň doganyňyz entegem Müsürdemi? — diýip, Goddar sorady. Rami bilgeşleýin sesini çykarman durdy. — Siziň doganyňyz Kairdemi? — diýip, Goddar gaýtadan sorady. Rami ýene-de hiç zat jogap bermedi. — Siziň doganyňyz Müsürden başga ýurda gitdimi? — diýip, Goddar öz diýeninde berk durdy. Rami jogap bermekden üsül-kesil boýun towlaýardy we Goddar gaharlanyp başlady. — Siziň ýeke-täk doganyňyz adam öldürmekde yzarlanylýar. Biz ony hökman taparys. Haçanda biz ony tapanymyzda, oňa ok akmajakdygymyzy men size wada berip bilýän däldirin. Eger siz öz doganyňyzy diri görmek isleýän bolsaňyz, men size özümiz bilen bile işleşmegi maslahat berýärin. Entek bolsa siz türmä gidýärsiňiz. 41 Nadim Nur uly gözli, uly elli we batly ses bilen gülýän uly adamdy. Ol aglaman, eýsem, gülýärdi we Tarik hem azrak tolgunýardy. Entek hanym Nur çaý taýýarlamak bilen bolýarka, jenap Nur Tarige özleriniň uly bolmadyk jaýlaryny görkezdi. Bu üç ýatylýan otagdan, uly bolmadyk aşhana otagyndan, emma naharhana bilen birikdirilen, birnäçe diwanlar bilen 15-20 adam üçin stully ullakan myhmanhanadan ybarat bolan ýönekeýje jaýdy. Diwarlardaky tekjelerde şeýle bir kän kitaplar bardy welin, Tarik şunça kitaby diňe uniwersitetiň kitaphanasynda görüpdi. Hemme ýerde dürli maşgala we ýygnak dabaralarynyň suratlary asylgydy. Çopan Nur Daliýanyň çagalygyndan mekdep uçurymy döwri aralygyndaky surat kitapçany çykardy. Onsoň ol Daliýanyň okuwyndan soň Iordaniýanyň awiasiýasynda gulluk etmäge giden dogany Eliasyň suratlaryny görkezdi. Häzir ol istrebiteliň uçarmany we iňlis HHG-da taýýarlygy geçýär. Ol gaty uly erkek harby, katipan bolup ýetişdi we Daliýa bularyň baryny sypdyrdy. Daliýa özüniň şeýle uzak wagtlap gidip, hatlara-da jogap bermändigi üçin ötünç soramagyny dowam etdirýärdi, emma kakasy hiç zat eşitmek islemeýärdi. — Bularyň bary bireýýäm yzda galdy, mähribanym — diýip, ruhy çopan Nur öz gyzyna aýdýardy we onuň sesi duýgularyny aýan edýärdi. Ol gyzynyň ýanynda oturyp, ony özüniň uly elleri bilen gujaklaýardy. Isa seni bagyşlaýar. Nädip men beýle edip bilmäýin? Mukaddes Kitapda nähili ýazylandygy ýadyňdamy: «Çünki gökler ýeriň ýokarsynda nähili belent bolsa, şonça-da Onuň merhemeti Ondan gorkýanlaryň depesinde uludyr. Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy. Atanyň ogullaryna nähili haýpy gelýän bolsa, şonça-da Rebbiň Ondan gorkýanlara haýpy gelýändir» (Mezmur 103:11-13). — Sag bol, kaka — diýip, Daliýa ýuwaşja jogap berdi. — Senden nähili minnetdardygymy sen göz öňüne getirip hem bilmersiň. Olar ýene-de gujaklaşdylar. Aşhana otagyndan hanym Nur gelip, kofe uzatdy we ir-iýmişli we hozly mejmeni goýdy. Aşhanadan işdäňi açyjy yslar gelip durdy. — Mmm — diýip, Tarik aýtdy, — bu tötänlikde tajin dälmi? — Hawa, dogrudanam — diýip, hanym Nur jogap berdi. — Siz ony halarsyňyz diýip umyt edýärin. — Gaty halaýaryn, — diýip, ol aýtdy. — Bu gaty… Tarik özüni saklady. Ol guzy eti bilen gök önümli marokka buglamasy Raniýanyň söýgüli nahary bolupdy diýip tas aýdyp goýberipdi. Neneň samsyklyk. — Bu gaty näme? — diýip, ruhy çopan Nur sorady. — Bu gaty… Bir wagtlar Marrakeşde meniň bir müşderim bardy — diýip, ol aýan edilen seresapsyzlygyndan soň özüne geljek bolup aldady. — Her gezek men ol ýerde bolanymda, ol meni öz öýüne çagyrýardy we onuň aýaly gaty täsin buglama bişirýärdi. Entegem meniň gyllygym akýar. — Siziň, mümkin, bireýýäm bilşiňiz ýaly, Tarik, buglama Daliýanyň söýgüli nahary — diýip, hanym Nur aýtdy. Onuň gözleri gözýaşlardan dolupdy. — Onuň gideninden bäri biz ony taýýarlamandyk we… Öz duýgularyna erk edip bilmän, hanym Nur ötünç sorady, gözlerini öňlügi bilen süpürip, aşhana gitdi. Daliýanyň uzak wagtlap öýünde bolmandygy bilen ýetirilen ýaralaryň neneň çuňdugyna Tarik düşündi we aslynda Daliýa hakda özüne neneň az zat mälimdi. Ol söýgüli gyzynyň söýgüli naharlary, söýgüli sazlary, filmleri, telegepleşikleri hakda bilmeýärdi. Ol onuň nähili baýramçylyklary söýýändigini, nähili diş pastasyny halaýandygyny bilmeýärdi. Ol onuň Nagib Mahfuzyň romanlaryny söýýändigini we syýahat etmegi halaýandygyny bilýärdi. Ine, Daliýa hakda oňa mälim bolanlaryň bary. Öz gatnaşyklary hakda hiç haçan hem gürrüň etmeli däldigi Tarige aýan boldy. Nurlar olaryň öz aralarynda nikalaşandyklary hakynda bilmäge taýyn däldiler. Bu gaty çalt bolardy. Olar ýaşlaryň nädip tanyş bolandyklary hakynda bilmek islärler. Ol munuň özleriniň «ot» çekilýän oturlyşykda bolandygyny, ondan soň gijäni bilelikde geçirendikleri hakynda gürrüň berip bilmeýärdi. Nurlar olaryň näçe wagtdan bäri tanyşdyklaryny bilmek islärler, olaryň tanyşlyklarynyň wagty bolsa ýyllar ýa-da aýlar bilen däl-de, ýogsa sagatlar bilen hasaplanýardy. Olar Tarigiň geljekdäki planlary hakynda eşitmek islärler. Ol bolsa olara: «öldürilmän we türmä salynman diri galmaklyk» diýip aýdyp bilmez. Tarik ne bu, ne-de beýleki soraglara jogap berip bilýärdi. Onuň aýdyp biljek zatlarynyň bary ýalan bolar we ol bu hakda näçe kän pikir etdigiçe, şonça-da ol bu adamlary aldamak islemeýändigine düşünýärdi. — Tarik, özüňiziň näme bilen meşgullanýandygyňyz hakda bize gürrüň beriň, — diýip, ruhy çopan Nur öz gyzyny köpden bäri görmedik aýalynyň duýgularyndan ünsi sowmaga synanyşyp haýyş etdi. — Nähili müşderiler sizi bütin dünýä: Ýewropa, Marokko, Müsüre, Liwana gitmäge mejbur edýärler? Tarik ýeňillik bilen demini aldy. Bu hakda ol ençeme sagatlap gürrüň berip bilýärdi. Öz rowaýatyny ol jikme-jik bilýärdi. — Men kompýuterler boýunça maslahatçy, ser — diýip, ol gürrüňe başlady. — Men banklara, ätiýaçlyk kompaniýalaryna, multimilli korporasiýalara olaryň meýnfreýmlerini ýa-da serwer sistemalaryny hakerlerden, wiruslardan we şuňa meňzeşlerden goraýan howpsuzlyk sistemalaryny gurnamaga kömek edýärin. Daliýanyň kakasy güldi. — Goý, size Hudaý kömek etsin, Tarik. Bularyň nämäni aňladýandygy hakynda meniň ujypsyzja düşünjäm ýok. Emma hiç bolmanda, bu pul gazanmaga mümkinçilik berýändige meňzeýär. — Hawa, ser, arkaýyn. Ine-de, bolany. Onuň näme bilen meşgullanýandygy baradaky gürrüň çalt başlap, şeýle-de çalt gutardy. Ruhy çopan Nur ýene söze başlady we Tarik ýene-de howsalany duýdy. — Siz liwan aksenti bilen gürleýärsiňiz — diýip, ol köfeden bir owurt içdi-de, kürsüde arkaýyn oturyp sorady. — Siz Beýrutda doguldyňyzmy? Tarik sandyrap gitdi. Özüniň geçmişi hakyndaky aç-açan gürrüň çynlakaý ýalňyşlyk bolardy. Ýalan bolsa soňy bilen ýalňyşmaz ýaly, ähli aýdanlaryny berk ýatda saklamalydygyny göz öňünde tutýardy. Geçmişi baradaky rowaýaty taýyn däldi, ol oňa öňler gerek bolmandy. Daliýa oňa kän sorag bermeýärdi (ol diňe onuň ata-enesiniň ölümi hakda sorapdy), çünki öz geçmişi hakda gürrüňi açmak islemeýärdi. Eger ol seresap bolmasa, ruhy çopan Nur onuň durmuşy hakda bütin gije sorar. Oňa hanym Nur bilen Daliýa hem goşulşyp bilerler. Ol özüniň tutulmagyna ýol berip bilmez. Emma ol näme etmeli? Ol bu öýde azyndan birnäçe gün bolmagy planlaşdyrýar. Ol bir zatlar hakynda gürrüň etmeli. Problemalardan gaçmagyň ýeke-täk usulynyň özüniň hüjüm etmelidigine Tarik düşündi. Soraglary onuň özi bermeli. Gürrüňi ugrukdyrjak onuň özi bolar. Temany saýlap, ondan çykmaly däl. Nähili tema bu adamy gyzyklandyryp, onuň ünsüni özüne çekýär? Olar onuň geçmişi bilen Daliýa babatdaky gatnaşyklaryndan gaça durup, näme hakda ençeme sagatlap gürrüň edip bilerdiler? 42 — Hawa, ser — diýip, Tarik gürrüňe başlady. — Men Beýrutda ulaldym. Düşünşiňiz ýaly, 70-nji ýyllar çaga üçin gaty elhenç wagtlar bolupdy, raýatlyk urşy gidýärdi we başga-da kän kynçylyklar. Hemmeler: hem hristianlar, hem-de musulmanlar bir-birlerini öz dinleriniň hatyrasyna öldürýärdiler, her kes özüniň Hudaýyny gorap, onuň üçin söweşýändigini aýdýardy. Din gan, uruş we ölüm bilen garylypdy. Eger men bularyň bary meni dine garşy etdi diýsem, siziň göwnüňize degýän däldirin diýip umyt edýärin. Meniň dünýämde özlerini hristianlar diýip atlandyranlar hemmeleri we hemme zatlary ýaryp, ýer-ýegsan edýärdiler. Diňe bir olar däl, elbetde, emma bularyň bary mende ýigrenç döretdi. Men Hudaýdan daşlaşdym. Özümiň hristian maşgalasynda ulalandygym üçin, men ybadathana gatnap, hristianlaryň tarapynda bolmalydym. Men söweşmek islemeýärdim, çünki hristianlar hem edil musulmanlaryň edişleri ýaly edýärdiler, beýleki imanlylary öldürýärdiler. Hemmeler bir meňzeşdiler, hristianlar bilen musulmanlaryň arasynda hiç hili tapawut ýokdy. Fanatizm, gahar, ýigrenç adamlaryň gözlerini kör etdi. Şonuň üçinem men ybadathanadan we hristianlardan daşdym. Olar beýlekilerden hiç-de oňat däl… Bularyň bary şeýle bir elhençdi! — Şonuň üçinem siz kompýuterler bilen meşgullandyňyz, olarda tertip we anyklylyk bar, bu ylmy tarapdan we ýolbaşçylyk edilýän — diýip, Nadim Nur aýtdy. — Şeýle diýse-de bolýar — diýip, Tarik onuň bilen ylalaşdy. Ruhy çopan öňe egildi-de, pyşyrdy bilen aýtdy: — Men size bir syry aýtsam bolarmy, Tarik? — Elbetde, ser. — Siziň bileriňiz ýaly, men özümi hristian diýip atlandyrmaýaryn — diýip, Nadim zordan eşitdirip aýtdy. Bu tassyklama Tarigi aňk-taňk etdi. — Men size düşünmedim, ser, — diýdi. — Ýogsam siz ruhy çopan dälmisiňiz? — Hawa, men ruhy çopan, emma men özümi hristian diýip atlandyrmaýaryn — diýip, Nadim jogap berdi. — Siz özüňize näme diýýärsiňiz? — Isanyň şägirdi. — Ýogsam bularyň ikisi-de bir zat dälmi? — Men bularyň ikisiniň-de bir zat bolmagyny islärdim — diýip, Nadim aýtdy. — Emma meniň görüp durşumça, bizde köp adamlar özlerine hristianlar diýýärler. Olar özleriniň musulmanlar we ýewreýler däldiklerini göz öňlerinde tutýarlar. Emma olar özleriniň Isa Mesihiň hakyky şägirtleridiklerini göz öňlerinde tutmaýarlar. — Emma olar ybadatnaha gatnaýarlar ahyryn? — Elbetde, adam restorana gelmegi bilen onuň gaty täsin nahara öwrülmeýändigi ýaly, ybadathana gatnamagy bilen hem adam mesihi bolýan däldir. Hakyky mesihilik etnik topara ýa-da jynsa degişlilikde jemlenen däldir. Bu klub däl. Ol dogluş hakyndaky şahadatnama ýa-da şahsyýetiňi anyklaýan resminama goşulyp berilýän däldir. Ol adamyň kabul edýän düşünjeli, erk-islegli çözgüdinde jemlenendir. — Onsoň bu çözgüt nämede jemlenen? — Bu Mukaddes Kitabyň aýdyşy ýaly, Hudaýyň sizi söýýändigine we onda siziň durmuşyňyz babatda aýratyn niýetiniň bardygyna ynanmak çözgüdidir. Onsoň Hudaý size özüňiziň dogulmagyňyzyň sebäbini we sizi döredenindäki öz maksatnamaňyzy açyp başlaýandyr. Ruhy çopan Nadim Tarige aladaly seretdi-de, ondan sorady: — Siz Hudaýyň bardygyna ynanýarsyňyz ahyryn, şeýle dälmi? Sorag duýdansyz boldy, emma Tarik çalt jogap berdi: — Elbetde, Hudaý bar. Ol bolaýmaly. — Bu dogry. Hudaý hökman bolmaly. Bolmasa kim biziň dünýämizi we ondaky bar bolanlary ýaratdy? Ýeri, gökleri, galaktikalary? Haýwanlary, ösümlikleri, adamy? Şeýle çylşyrymly we täsin zatlary ýaratmaklyk diňe Hudaýa başardýandyr. Daliýa stoluň üstüne näz-nygmatlary getirmegini dowam etdirýärdi, hanym Rima Nur bolsa gürrüňe goşulyşdy: — Ol biziň Ýaradyjymyz. Özüniň bar bolmagy we abadançylygy üçin her kes Onuň öňünde borçly. Hudaýyň barlygynyň subutnamasy adam, biziň ynsabymyz we bakyýeti duýmaklyk. Süleýman patyşa şeýle diýipdir: «Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi… Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi» (Wagyzçy 3:11, 14). — Hudaýyň barlygyna ynanmazlyk mümkin däl — diýip, ruhy çopan Nur gürrüňini dowam etdirdi. Sagdyn pikirlenýän ýekeje adam hem ony inkär edip bilýän däldir. Dawut pygamber şeýle diýen: «Akylsyz adam ýüreginden: “Hudaý ýok” diýdi» (Mezmur 14:1; 53:2). — Ser, men akylsyz däl, emma Hudaýyň şeýle beýikdigine, özümi söýýändigine ynanmak meniň üçin gaty kyn. — Elbetde, Hudaý sizi söýýär we size bolan Öz söýgüsini dyngysyz tassyklaýar. — Öz söýgüsini tassyklaýar? Näme bilen? — Daň şapagy we günüň batmasy bilen, daglar we jülgeler bilen, agaçlar we güller bilen, haýwanlaryň arlamaklary we guşlaryň saýramaklary bilen, siziň ýüregiňiziň urmagy we dem almaňyz bilen. Siziň mätäçlikleriňiz hakda alada etmegi we sizi goramagy bilen. Mukaddes Kitap Onuň söýgüsini Onuň sözlerinde yglan edýär: «Men seni soňsuz söýgi bilen söýdüm» (Ýeremýa 31:3). — Bu çynmy? — Hawa, Onda siziň durmuşyňyz babatda täsin niýeti bar. Isa şeýle diýdi: «Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim» (Ýahýa 10:10). — Bu biz hakdamy? — Hawa, emma biz günä sebäpli bu söýgüden we ýagşylykdan keýplenip bilmeýändiris. — Diýmek, ine, problema nämede. — Adam günäli, ol Hudaýdan aýra düşen. Adamzat bu söýgüden we niýetden gaty daşlaşdy. — Neneň gynançly. — Siziň bilşiňiz ýaly, Hudaý Adam atany Öz keşbinde arassa we günäsiz edip ýaratdy, emma Adam ata Hudaýa gulak asmady we Oňa garşy baş göterdi. Adam ata bilen How ene gadagan edilen agajyň miwesinden iýdiler we Hudaýyň höküminden we jezasyndan ejir çekdiler. Günäniň muzdy ölüm. Ölüm Hudaý tarapdan döredilmändi, ölümi günä getirdi, diňe bir fiziki ölümi däl, eýsem, ruhy ölümi, ýagny Hudaýdan jyda düşmekligi getirdi. Günäli Adam ata Mukaddes Hudaý bilen bile galyp bilmeýärdi we ol Erem bagyndan kowuldy. Günä Adam atada galdy we galan ähli nesillere-de geçirildi, emma… — Emma näme? — Emma Hudaý diňe bir çäksiz adalatly bolman, eýsem, Ol çäksiz rehimli hem bolýandyr. Ol günäni jezasyz galdyryp bilmeýändir, emma Ol şeýle-de söýgini, bagyşlamany we rehimliligi aýan edýändir. Özüniň rehimdarlygy we söýgüsi boýunça Ol adam üçin halas bolmany we özüniň ilkibaşda döredilen keşbiniň dikelmegini, şeýle-de Özi bilen gürrüňdeşligiň dikelmegini mümkin etdi. — Ýagny Hudaý ähli günäleri bagyşlady. — Adalatlylyk näme? Günä öňküsi ýaly ölüm bilen jezalandyrylmalydyr. — Hawa, bu ýerde kynçylyk bar… — Hudaýyň Özi çözgüt, adalatlylygy kanagatlandyrmagyň usulyny teklip etdi. Ol günäleriň ýuwulmagyny Isa Mesihiň üsti bilen amala aşyrdy. Adam atada hemmeleriň ölşi ýaly, Mesihde hemmeler direler. — Bu näme diýildigi? — «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Isa Mesihiň adamzadyň halasgäridigine ynanmaly, bizi günälerden azat etmek üçin Onuň haçda ölendigini we bize baky ýaşaýyş bermek üçin ölülerden direlendigini boýun almak gerek. Ol göklerdäki baky ýaşaýşa bolan ýeke-täk ýol. Çuň oýlanyp, Tarik sorady: — Näme üçin bu hut Isa Mesih bolmaly boldy? — Oňat sorag. Näme üçin hut Isa Mesih? Hudaý jezany kesgitledi we diňe ýeke Ol ondan azat edip biler. Jezadan azat ediler ýaly, günä ýuwulmalydyr. Kim muny edip bilerdi? Tarik, siz tölegiň nähili bolmalydygyny bilýärsiňizmi? — Hawa. Günäniň muzdy ölüm. — Kimdir biri ölmelidi. Bu adam bolup bilmezdi, çünki Hudaý oňa rehim edip, onuň ölmegini isleýän däldir. Başga mümkinçilik Hudaý, emma Hudaý ölüp bilýän däldir. Adam we Hudaý häsiýetli biri gerekdi. Ol mukaddes, günäsiz bolmalydy, diýmek, ol Adam atanyň neslinden bolup bilmezdi. Diňe Isa Mesih şeýle boldy. Hudaý adam bedenini alyp, adamyň deregine ölmek üçin, günä üçin jezany çekmek üçin we günäleriň ýuwulmagyny mümkin etmek üçin ölülerden direlmek üçin dünýä geldi. Otagda ümsümlik höküm sürdi we ine-de, ruhyçopan Nur ony böldi: — Ine, Isanyň yzyna eýermegiň manysy nämede. Men bu karary özüm üçin bireýýäm 32 ýyl mundan ozal kabul etdim we ol meniň durmuşymy bütinleý özgertdi. Onuň sözleri ynamlylygy, rahatlygy we şatlygy beýan edýärdi. — Emma, Tarik, men öz tejribäme esaslanyp, size aýdyp bilýärin, ýagny köp adamlar bütin ömür ybadathana gatnaýarlar we hemmelere özleriniň mesihidiklerini aýdýarlar, emma olar iş ýüzünde Mesihiň hakyky şägirtleri däldirler. Olar dileg edýärler, oraza tutýarlar, garyplara sadaka berýärler, emma olar öz umytlaryny Mesihe baglap, Onuň yzyna eýermeklik kararyny kabul etmediler we munuň netijesi hökmünde, olar, gynansak-da, Hudaýyň söýgüsini duýmadylar we öz durmuşlary babatda Hudaýyň niýetini bilmediler. Onuň üstesine-de, özlerini mesihiler diýip atlandyrýan köp adamlar Isanyň öwredýänleriniň baryny depeleýärler. Olar aldaýarlar. Alkogoldyr neşe bilen gyzyklanýarlar. Nikadan öňki jyns gatnaşyklaryny edýärler we nikasyz bile ýaşaýarlar. Tarik Daliýanyň ýüzüne seretmegi gaty isledi, emma ýürek edip bilmedi. Kakasynyň Isa bolan söýgüsi hakynda eşitmeginiň neneň amatsyz bolandygy üçin Daliýanyň iki bükülendigini göz öňüne getirdi we kakasynyň öz gyzyny hem özlerini diňe mesihiler diýip atlandyrýanlara degişli edýändigine düşündi. Ýöne Tarik gürrüňiň şeýle tarapa öwrülendigine şatdy. Ol Daliýanyň kakasynyň mesihilik hakynda bütin gije gürrüň etjekdigine we Tarigiň öz geçmişi we onuň Daliýa bilen gatnaşyklary ýaly irnik soraglardan daş durup boljakdygyna ynamlydy. Ol sorag bermäge synanyşdy, emma ruhy çopan ony öňürtiledi. — Gaty gyzykly, Tarik, siziň piriňizçe, Isa Mesih kim? Tarik bu hakda özüniň hiç haçan hem çynlakaý oýlanmandygyny öz-özüne boýun aldy. — Bütin hormatym bilen, ser, men, elbetde, Isanyň şägirdi däl. Emma men onuň beýik dini işgär bolandygyny aýtmak islärdim. Ruhy çopan başyny atdy. — Men munuň bilen ylalaşýaryn, ýaş ýigit. Hiç bir şübhesiz, Isa Mesih durmuşy we taglymaty taryhyň ugruny üýtgeden beýik dini lider. Emma Ol ýöne bir oňat adam ýa-da beýik mugallym bolmady. Täze Äht Ol hakda Hudaý hökmünde anyk aýdýar. — Ruhy çopan Nur, men aç-açan aýdyp bilerinmi? — Elbetde, baş üstüne, Tarik, siz dostlaryň arasynda. — Näme, elbetde, men düşünýärin: Täze Ähti ýazan mesihiler Isa bu Hudaý diýip oýlap bilerdiler. Olar Onuň şeýle bolmagyny islän bolsalar gerek. Emma Isanyň Özi, elbetde, Özi hakda beýle tassyklamalar aýtmady. — Hakykatda, Tarik, Ol aýtdy. 43 Hanym Nur hemmeleri stoluň başyna çagyrdy. Hakyky meýlis garaşýardy we Tarik oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Emma diwandan turup, ol Daliýanyň ýüzündäki elhenjiň beýanyny gördi. Daliýanyň kakasyny ýa-da ýigidini öýkeletmezi üçin ses bilen aýtmandygyna seretmezden, olaryň gürrüňleriniň özi üçin ýakymly däldigi aýdyňdy. Emma Tarik temany çalyşmaga howlukmaýardy. — Näme üçin sen maňa öz kakaňyň şeýle gyzykly adamdygyny aýtmadyň? — diýip, ol stol başynda oturyp, degişýän ýaly edip aýtdy. Daliýa gözlerini süzdi. Ol öz ýigidinden neneň öýkeländigini ata-enesine görkezmek islemedi, emma eger bakyşyň bilen öldürip bolýan bolsady, onda Marwan Akkad (ol hem Tarik Jamil) bireýýäm öli bolardy. — Din hakda gürrüň etmegiň seniň üçin beýle gyzykly boljakdygy hakynda men oýlanmandym — diýip, ol ahyrsoňy aýtdy. — Bu syýasat hakda gürrüň etmeden has gyzykly ahyryn! — diýip, Tarik Daliýanyň göwnüni göterjek bolup şatlykly aýtdy. Onuň usuly Daliýanyň kakasynyň has howply temalara geçmezligine kömek edýändigi bilen özüni aklaýardy. — Daliýa, dileg edermiň? — diýip, olar stol başynda oturanlarynda ruhy çopan Nur aýtdy. — Oňady seniň özüň biziň üçin dileg edäý — diýip, gyzy jogap berdi. — Bolýar — diýip, kakasy öýkeländigine seretmezden aýtdy. Tarik muňa üns berdi. Ruhy çopan, onuň aýaly we Daliýa ellerini birleşdirip, kellelerini aşak salladylar we gözlerini ýumdular. Tarik howlukmaçlyk bilen olaryň mysallaryna eýerdi. — Mähriban Atamyz, biz Saňa söýgiň we rehimdarlygyň üçin, bizi söýüp, baky ýaşaýşa eýe bolup bilmegimiz üçin Öz Ogluň Reb Isa Mesihi ýere ibereniň üçin minnetdarlyk bildirýäris. Dileglerimizi eşdip, olara jogap berýän Hudaýymyz bolýandygyň üçin minnetdarlyk bildirýäris, gökdäki Atamyz, Daliýany öýe aman-esen getirendigiň üçin hem Saňa çyn ýürekden minnetdarlyk bilýirýäris. Biz Senden gyzymyz Daliýa bilen onuň dosty Tarige pata bermegiňi soraýarys, goý, olar özlerini şu ýerde söýülýän we garaşylýan myhman hökmünde duýsunlar. Goý, bu öý durmuşlaryndaky belalardan gaçybatalga bolsun. Şu iýmit we bilelikde bolup bilmek mümkinçilik üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Biz Isanyň ady bilen dileg edýäris. Omyn. Hemmeler ruhy çopanyň yzy bilen «omyn» diýdiler, muny Tarik hem etdi. Ol öňler hiç haçan hem mesihi dilegine gatnaşyp görmändi. Bu ony gyzyklandyrdy. Ol oňa çyn, resmi däl we gaty şahsy ýaly bolup göründi, çagalykdan ýadynda saklan asla ulularyň dilegleri ýaly däldi. Çopan edil dogrudanam şu otagda bar bolan Hudaýa ýüzleneni ýalydy. Tarik adaty bolmadyk rahatlygy duýdy. Belki-de, oňa ýaňyja taýýarlanylan naharyň ysy şeýle täsir edendir, ol soňky gezek haçan öýde bişirilen nahary iýendigini ýadyna salyp bilmeýärdi. — Tarik, siz haçan hem bolsa bir wagt Täze Ähti okadyňyzmy? — diýip, ruhy çopan Nur Tarigiň guzy eti bilen gök önümlerden gözüni aýranynda sorady. — Ýok, ser — diýip, Tarik kellesini çaýkady, — hiç haçan. — Okap görüň. Siziň üçin gyzykly bolar diýip pikir edýärin. Men size onuň birini sowgat ederin. — Bu siz tarapdan gaty mylakatly, emma men beýle sowgady kabul edip bilmerin. — Men muny hezillik bilen ederin. Çünki men ruhy çopan ahyryn. Tarik güldi. Bu hakykat. — Onda näme, gaty minnetdardyryn. Meniň Täze Ähti okasym gelýär. — Diýmek, siziň özüňiziň hususy Täze Ähtiňiz bolmagy hökman. Ol meni bireýýäm ençeme ýyllap gyzyklandyryşy ýaly, sizi hem gaty gyzyklandyrar diýip pikir edýärin. Mysal üçin, Isa Özi bilen Gudratygüýçliniň birdigi hakynda göni we ençeme gezek aýdýar. Ýahýanyň Hoş Habarynda Isa diýýär: «Atam ikimiz birdiris» (Ýahýa 10:30) we «Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» (Ýahýa 8:19) we «Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir» (Ýahýa 12:45). Marta atly aýala Isa şeýle diýipdi: «“Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?” Ol Oňa: “Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim” diýdi» (Ýahýa 11:25-27). — Isa dogrudanam şeýle diýdimi? — Hawa, ol dogrudanam şeýle diýdi we bu gaty batyrgaýdy! Ýahýanyň Hoş Habarynda biz şol döwrüň dini serkerdeleriniň Isa şeýle bir gaharlanandyklary üçin, Ony hatda daşlap öldürmek isländikleri hakynda okap bilýäris. «Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. Isa olara: “Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?” diýdi. Ýehudylar Oňa: “Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys” diýdiler» (Ýahýa 10:31-33). Ahyrsoňy olar Ony ölüm jezasyna höküm edenlerinde, Oňa garşy resmi günä basma Hudaýa dil ýetirmeklik, ýagny Özüniň Hudaýdygy baradaky tassyklamasy boldy, muny bolsa dini serkerdeler inkär edýärdiler. Bolmasa näme üçin Ol hakdaky habar bütin Ýakyn Gündogara ýaýrady? Mattanyň Hoş Habarynda şeýle diýilýär: «Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi. Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy. Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýauda we Iordanyň aňyrsyndan uly märekeler Onuň yzyna düşdi» (Matta 4:23-25). Şeýle-de, Isanyň adamlara Hudaýyň söýgüsi we Onuň adamlaryň durmuşlary babatdaky niýeti hakynda hoş habary ýetirmek üçin Liwana-da gelendigi hakynda gürrüň edýärler. — Liwana? — diýip, Tarik çarşagyny gapdalda goýdy. — Anyk nirä? — Sur bilen Saýda. Tarik özüniň haýran galandygyny bildirmejek boldy. — Siz munuň nirede ýazylandygyny görkezersiňizmi? — diýip, ol haýyş etdi. — Meniň özüm muny görmek islärdim. Men bu hakda hiç haçan hem eşitmändim. — Elbetde — diýip, ruhy çopan Nur oňa jogap berdi. Ol agzyny desmal bilen süpürdi-de, eline öz Mukaddes Kitabyny aldy. Ol Mattanyň Hoş Habaryny açdy. — Ine — diýip, oňa görkezdi. Tarik Mukaddes Ýazgyny alyp, ony okap başlady: — «Isa ol ýerden çykyp, Sur we Saýda etrabyna çekildi» (Matta 15:21). Isa dogrudanam Saýda-da, onuň dogduk şäherinde bolupmy? Bu aýady ýene bir gezek okap, Tarik özüne sorag berdi. Näme üçin ol bu hakda bilmeýär? Näme üçin hiç kim oňa bu hakda gürrüň bermedi? 44 Goddaryň telefony jyňňyrdady. Ol özüne kimiň jaň edýändigini okady, emma şonda-da oňa jogap berdi. — Öňe gidişlik barmy? — diýip, Skelet bilmek isledi. — Käbir — diýip, Goddar oňa jogap berdi. — Akkadyň dogany döwüldimi? — diýip, Lemýe sorady. — Ýok. — Ol Marwanyň nirededigini aýtmadymy? — diýip, Lemýe sorady. — Ýok. — Ol nämedir bir zat diýdimi? — Hiç zat diýen ýaly. Men ony türmä iberdim. — Näme?! — Men başga näme edip bilerdim? — diýip, Goddar gaharlandy. — Ony Marwany satmaklyga mejbur etmegi — diýip, Lemýe jogap berdi. — Hut şunuň üçin hem men ony türmä iberdim. Rami Akkad ýaly adam beýrut türmesinde uzak wagtlap galmak islemez. Maňa ynanaýyň. — Düşünmeýärin — diýip, Lemýe aýtdy. — Siz öňe gidişlik bar diýdiňiz ahyryn. — Hawa. — Onda nähili? — Biz Raminiň sputnik telefonyny diňledik. — Onsoň… — Görlüp oturylsa, ol onlarça ýaragly adamlary SanPaulanyň daglaryna iberipdir. Olaryň ol ýerde kimi saklaýandyklaryny biljek bolup görüň. Beýleki tarapda birden ümsümlik ara düşdi. — Inspektor, siz meni eşitdiňizmi? — diýip, Goddar sorady. Emma Lemýe jogap bermedi. Ol edil gürläri ýaly, gaty geň galan ýalydy we edil Goddaryň näme diýjegini bilýän ýalydy. — Olaryň elinde hanym Remzi — diýip, Goddar ahyrsoňy durup bilmän aýtdy. Ol «bomba» taşlapdy we onuň täsirine garaşýardy. Emma hiç hili täsir bolmady. Ümsümlik dowam etdi. — Men öz adamlarymy baryny ele alyp, hanym Remzini halas etmeklik üçin iberdim, — diýip, Goddar sözüni dowam etdirdi. — Olar öz hereketlerini braziliýa häkimiýeti bilen ylalaşdyrarlar. Goddar hiç bolmanda bir zatlary eşitmäge garaşýardy, emma hiç zat eşitmedi. — Siz meni eşidýärsiňizmi, inspektor? — diýip, ol ýene sorady. — Hawa, eşidýärin. — Näme üçin sesiňizi çykarmaýarsyňyz? Bu wajyp täzelikler. Siz kanagatly bolarsyňyz diýip umyt edipdim. 24 sagatdan hanym Remzi Monte-Karloda howpsuzlykda bolar we men oňa bar zat hakynda maglumat berip bilerin. Siz muňa gatnaşmak islärdiňizmi? — Men ýene siziň bilen habarlaşaryn — diýip, Lemýe aýtdy we onuň sesinde şatlyk däl-de, nähilidir bir alaçsyzlyk eşidildi. Goddar muňa hiç hili düşündiriş tapyp bilmedi. 45 Günortanlyk naharyny gutaryp, hemmeler myhmanhana otagyna geçdiler, bu ýerde olara pahlawa bilen türk kofesi garaşýardy. — Nadim Isanyň Öz hudaýlylygy hakynda ikuçsuz aýdandygyny göz öňünde tutýar — diýip, hanym Nur aýtdy. — Isa muny edil fakt hökmünde tassyklady. Hemmeler Onuň nämäni göz öňünde tutandygyny bilýärdiler we şol sanda Onuň duşmanlary-da. Hawa, bu olara ýaramady, edil şu wagt hem köplere ýaramaýşy ýaly. Emma munuň syr bolmandygyna hiç hili şübhe ýokdur. — Belki-de, şeýledir, emma munuň özüm üçin gaty täze zatdygyny men aýtmalydyryn, hanym Nur — diýip, Tarik aýtdy. — Biz muňa düşünýäris — diýip, hanym Nur jogap berdi. — Haçanda biz nikalaşanymyzda, Isanyň Özüniň Hudaýdygyny tassyklandygy hakynda hiç bir düşünjä eýe däldik. Ahyrsoňy biziň hiç birimiz hem Isanyň yzyna eýerip ýaşan maşgalada ulalmadyk. Ne Nadim, ne-de men hiç haçan hem öşbaşdak Mukaddes Kitaby okamadyk. Emma bir gezek biziň bir ýaş är-aýal tanyşlarymyz bizi oýlanmaga mejbur etdirdiler. Şu wagt siziň oturan ýeriňizde oturan äri şeýle diýdi: «Täze Ähti okap, Isanyň Özüniň Hudaýdygyny tassyklandygyny görmezlik bu gündiz günüň şöhlesiniň astynda durup, güni görmeýändigiňi aýtmaklykdyr». Eger dogrymy aýtsam, özümiň Mukaddes Kitaby okamandygym üçin özümi amatsyz duýandygyma seretmezden, bu meniň göwnüme gaty degdi. Nadim hem özüni hut şeýle duýdy. Her birimize Täze Ähtiň bir nusgasyny alyp, biz şol agşam ony öwrenmäge başladyk. Näçe kän okadygymyzça, öz dostlarymyzyň şonça-da mamladyklaryna güýçli ynanyp başladyk. — Onsoň näme boldy? — diýip, Tarik sorady-da, birden oýa batdy: ol ýöne öz durmuşy baradaky gürrüňden gaçmaga synanyşýarmy ýa-da bu dogrudanam onuň üçin gyzykly? — Biziň durmuşymyz kynlaşdy — diýip, ruhy çopan Nur aýtdy. — Nädip? — Oýlanyň — diýip, ruhy çopan Nur Daliýanyň ötünç sorap, gap-çanaklary ýuwmak bahanasy bilen aşhana gideninde düşündirişine başlady. — Isanyň Özüniň Hudaýdygyna bäsdeşlik edendigi sebäpli, Ol ýöne beýik ahlakly adam ýa-da parasatly pygamber bolup bilmeýärdi. Ol ýa-da Hudaý, ýa-da ýok. Ol ýa-da hakykaty diýýärdi, ýa-da aldaýardy. Üçünji mümkinçilik aradan aýrylandyr. Özüniň Hudaýdygyny Ol dürli usullar bilen tassyklady. Onuň tassyklamasyny biz ýa-da kabul etmelidiris, ýa-da inkär etmeli, oňa ýa-da ynanmaly, ýa-da onuň bilen ylalaşmaly däl. Ortalyk ýagdaý ýöne bolup bilýän däldir. Täze Ähti okap, siz Onuň aýdanlarynyň hakykatdygyna ýa-da ynanmalysyňyz (Onuň Özüniň Hudaýdygy baradaky tassyklamasyny hem goşup), ýa-da Ony ýalançy hasaplamalysyňyz. Hakykatyň ýagşylygyny wagyz eden, hakykata laýyk gelýän tassyklamalary aýdan adam öz şägirtlerini, bütin dünýäni, bizi aldap bilermidi? Eger Onuň aýdanlary ýalan bolsa, onda Ol nädip haça çykyp, ölüp bilerdi? Kim ýalan üçin öler? Tarik, meniň oglum, Mesih — Hudaý. Ol muny özi hakda açyk aýtdy we Onuň aýdanlarynyň bary Mukaddes Kitapda tassyklanylan, olar anyk we dogry. Şonuň üçinem men we millionlarça imanlylar muňa ynanýarys we muny hakykat hökmünde kabul edýäris. — Tarik — diýip, hanym Nur gürrüňe goşuldy, — bu dogrudanam hakykat. Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Kitaby okap, siz muňa tassyklama tapýansyňyz. — Dogrudanammy? — diýip, Tarik haýran galdy. — Ýahýanyň Hoş Habary şeýle başlanýar: «Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi» (Ýahýa 1:1). Onsoň: «Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady» (Ýahýa 1:14). Mesih biziň aramyzda ýaşady. — Şeýle aýatlar gaty kän — diýip, çopan Nur gürrüňi dowam etdirdi. Täze Ähtde Mesihiň Hudaýdygy hakynda 11 gezek we 50 gezek hem Onuň Hudaýyň Ogludygy hakynda agzalan. — Ogly..? — diýip, Tarik düşünmän gaýtalap sorady. — Bu düşnüksiz. — Munuň sebäbi — diýip, Nadim ýylgyrdy, — siziň Oňa adamzat bakyşy bilen seredýändigiňizdedir. Ogul fiziki manyda däl: Hudaý Ruhdur we Ol Ogul dogrup bilýän däldir. Ol derejesi boýunça Ogul hem däldir, Hudaý-Ata Oguldan öň gelýän däldir. Mesih — ruhy manyda Ogul. Ol söýgi arkaly Hudaýyň Ogly. Ogul Hudaýa deňdir. Ol Hudaýyň keşbidir. Gysgaça gürrüň berende, ine, Isa kim. Eger sizde soraglaryňyz bar bolsa, biz olara şatlyk bilen jogap bereris. — Täze Ähti okaň, muny siziň özüňiz görersiňiz — diýip, hanym Nur aýtdy. — Özüniň dostlarynyň we duşmanlarynyň aýdyşlary ýaly, Onuň mugallymdygyny bilersiňiz. Onuň Özüniň Hudaýyň Ogludygy baradaky tassyklamasyny kabul etmän, nädip ony mugallym hasaplap bolar? Oňat mugallym aldap, özi hakda ýalany diýip bilermi? — Ýok diýip pikir edýärin. Gaharlanan Daliýa stoluň üstüni tertibe getirmegini dowam etdirýärdi. Ruhy çopan Nur şeýle goşdy: — Haçanda men Mesihiň durmuşyny öwrenenimde, Tarik, özümiň bilýän adamlarymyň ýa-da olar hakda okan adamlarymyň özleri üçin Mesihiň yzyna eýermek kararyny kabul edendikleri we olaryň durmuşlarynyň şondan soň oňat bolandygy baradaky fakt meni aýratyn geň galdyrdy. Olar Mesihe meňzemäge çalyşdylar, oňat we akýürek boldular. Olar söýmeklik we garypdyr mätäçlere kömek etmeklik ukybyna eýe boldular. Isanyň ykrar edilen ýerinde bütin halklaryň ykballarynyň oňat tarapa üýtgändigi meni haýran galdyrdy. Eger Mesih adamlaryň ýüreklerini we olaryň durmuşlaryny üýtgetmäge ukyply bolmasady, onda bu mümkin bolarmydy? Diňe Hudaý muny etmäge ukyplydyr. Biraz oýlanyp durup, Tarik başyny atdy. — Bu dogry. 46 Daliýanyň doganynyň otagyna girip we gapyny ýapyp, Tarik krowatda ýatdy we durmuşynda birinji gezek Täze Ähti okamaga başlady. Ol birinji kitaby — Mattanyň Hoş Habaryny açdy we ünsüni sowman, birnäçe sagatlap okady. Şeýle-de, ol Markusyň, Lukanyň we Ýahýanyň Hoş Habarlaryny okady. Bu birnäçe sagatlaryň içinde ol Isa Mesih hakda kän zatlary bildi. Ol Onuň Merýemden dogluşy, Nasyraly agaç ussasynyň nädip körleriň gözlerini açandygy, kerleri sagaldandygy, aksakdyr ysmazlara ýöremeklik, hatda bökjeklemeklik ukybyny berendigi hakynda okady. Isa jynlary kowýardy we ölenleri direldýärdi, şeýle adamlaryň biri mazarda bütin dört gün bolupdy. Emma Tarigi Isanyň sözleri, tymsallary we taglymaty gyzyklandyrýardy. Şu wagta çenli ol beýle sözleri eşitmändi. Ol Mattanyň Hoş Habaryndaky Dagdaky wagyz hakynda oýlandy. Isa şeýle diýýärdi: «Siz gadymkylara: ”Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar” diýlenini eşidensiňiz. Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kişi hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna ”Raka” diýse, mejlisiň hökümine sezewar bolar. Kim ”Samsyk” diýse, dowzahyň oduna sezewar bolar» (Matta 5:21-22). Ol hiç haçan hem adamlaryň arasyndaky gatnaşyga şeýle tarapdan seretmändi. Ol okamagyny dowam etdirdi: «Siz: ”Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren” diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, Gökdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş okaň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Çünki Gökdäki Ataňyz Öz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi?» (Matta 5:43-46). Munda many bar, emma kim öz ýakynlaryna şeýle gatnaşyk etmäge ukyply? «Şeýlelikde, Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» (Matta 5:48). Onuň okaýanlarynyň bary özüni haýran galdyrýardy. Adaty adam beýle zatlary diýip bilmezdi. Bu Isa gaty geň şahsyýet! Ony utanç duýgusy eýeledi we özüni biderek duýdy. Köplenç beýleki adamlara, hatda öz doganyna gönükdirilen gahary bilen ol näme etmeli? Tarik öz gaharynyň höküme sezewardygyna düşündi. Duşmanlaryňy söýmeklige bolan çakylyk näme? Eger onuň üçin öz dostlaryny söýmeklik şeýle kyn bolýan bolsa, onda nädip öz duşmanlaryny söýsün? Ol Lemýeni, Goddary we Klodett Remzini söýýärmi? Isanyň durmuş taryhyny okap, Tarik onuň dogrudanam Isanyň tassyklamalaryna laýyk gelýändigini gördi. Ol edil Tarik ýaly, Öz duşmanlaryndan gaçmady. Ol ele düşmezlikden gaçjak bolup aldamady. Bagda duşmanlary Ony ele salanlarynda, Ol Öz duşmanlaryna garşylyk görkezmedi. Petrus Ony goramaga synanyşyp, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesipdi, Isa bolsa ony gapdala çekip, gylyjyny aýyrmagyny buýurdy. Ol ähli eline gylyç alanlaryň gylyçdan hem öljekdigini aýtdy. Tarik saklanman okaýardy. Ol Isa hakda mümkin boldugyndan gaty çalt bilmek isleýärdi. Nädip Tarik şunça ýyl ýaşap, Isa hakda bilmändir? Ýahýanyň 19-njy babyna çenli okap, ol aňk-taňk bolupdy: «Soňra Pilatus Isany ýençmekligi buýurdy. Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. Ýanyna baryp: “Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy!” diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar». (Ýahýa 19:1-3). Ömründe ilkinji gezek Tarik Isanyň jezaladyrylyşynyň jikme-jiklerini bildi. Onsoň Pilatus haça çüýlemek üçin Isany olaryň ygtyýaryna berdi. Olar Isany alyp gitdiler. Isa Öz haçyny göterip, Kelleçanak - iwritçe Golgota diýilýän ýere çykdy. Ol ýerde Ony we Onuň ýanynda ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri Onuň bu tarapynda, beýlekisi ol tarapyndady, Isa bolsa ortadady» (Ýahýa 19:16-18). Soňky aýatlar ony has gyzyklandyrdy. Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi we ejesiniň aýal dogany, Kleopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem durdy. Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: “Eý hatyn, ine, seniň ogluň” diýdi. Onsoň şägirde: “Ine, seniň ejeň” diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy. Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin, “Suwsadym” diýdi. Şol ýerde sirkeden doly bir gap durdy. Esgerler bir gubkany sirkä batyrdylar-da, naýza dakyp, Onuň agzyna tutdular. Isa sirkäni dadyp: “Hemmesi berjaý boldy!” diýdi-de, başyny egip jan berdi» (Ýahýa 19:25-30). Ol Isany urandyklary, masgaralandyklary we haça çüýländikleri, onsoň Onuň ýüreginiň ýarylandygy hakynda okady. Ol Merýemiň haçyň ýanynda durup, göz öňünde ölýän ogluna seredip, onuň nähili görgülerden geçmeli bolandygy hakynda oýlandy. Isa günäkär däldi, adalatsyz günäkärlenipdi we hiç hili jenaýat etmän, ölüme höküm edilipdi. Ol ejir çekýän ejesini görýärdi we Öz görgülerinden hem ejesiniň görgülerine haýpy gelipdi. Ol ejesi baradaky aladany Özüniň iň ýakyn şägirdine ynandy. «Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag we bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. Ýehudylaryň Sabada taýýarlyk güni bolany üçin Isany şol ýerde goýdular, çünki mazar ýakyndy. Hepdäniň ilkinji güni, entek garaňkyka, Magdalaly Merýem irden mazara baranda, daşyň mazardan aýrylandygyny gördi. Ol derrew ylgap, Simun Petrusa we Isanyň gowy görýän beýleki şägirdiniň ýanyna bardy-da, olara: “Rebbi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris” diýdi» (Ýahýa 19:41-20:2). Tarik bütin gije okaýardy. Ol hakykaty bilmek we özüni gyzyklandyrýan soraglara jogap tapmak islegini duýýardy. Ol näçe kän okadygyça, bu täsin kitapda şonça-da kän jogaplar tapýardy. «Petrus bilen beýleki şägirt derrew çykyp, mazara tarap gitdiler. Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepen matalaryň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, kepeniň ýerde ýatanyny, ýöne Isanyň başyna oralan ýaglygyň kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde saralgy ýatanyny gördi» (Ýahýa 20:3-7). «Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ýehudylardan gorkularyna gapylary gulplap, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olaryň ortalarynda durup: “Size parahatlyk!” diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar» (Ýahýa 20:19-20). «Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýahýa 20:30-31). Gije duýdansyz geçdi. Petrany gurşaýan daglaryň üstünde gün peýda boldy. Bary-ýogy bir gijäniň içinde ol Täze Ähti okap çykdy we her bir sözüň üstünde oýlandy. Onuň okanlary ony gyzyklandyrdy, haýran etdi we geň galdyrdy. Ol Ýahýanyň Hoş Habaryna hakykatdan hem aralaşyp gideni ýalydy. Ýahýa Isa has ýakyndy. Ol özüni «Isanyň gowy görýän şägirdi» diýip» atlandyrypdy. Onuň Hoş Habary, bu Isanyň durmuşy, Onuň sözleri, täsinlikleri, ölümi we ölülerden direlişi hakyndaky güýçli, hakyky we anyk beýannama. Ol ony Isa bolan doly ynam bilen ýazypdyr. Ýahýa Isa bolan söýgüsini, Onuň gylyk-häsiýetine we taglymatyna düşünişini görkezýärdi, çünki Isa hemişe-de ýakyn bolupdy, beýleki adamlaryň baryndan ýakyndy. Isanyň hyzmatynyň birinji gününden başlap, tä haçdaky ölümine çenli Onuň bilen bolan şägirtleriň esasylarynyň biri bolan Petrusyň sözleri Tarigiň gulagyna eşidilip gitdi: «Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük» (1 Petrus 1:16). Bu Isa Mesihiň beýikligine dogrudanam şaýat bolan şägirdiň biriniň sözleridi we öz hatlarynda ol hut Isanyň beýikligini bütin dünýä yglan edýärdi. Petrusyň durmuşynda bolup geçen üýtgeşikler Tarigi haýran galdyrdy. Torlaryny ýuwup, oňat balyk tutmak hakynda arzuw edýän balykçyny Isa adamlary tutujy bolmaklyga çagyrdy. Isa Özüni Petrusyň üç gezek inkär etjekdigini öňünden aýdypdy we ol Isa höküm, masgaralanmalar we jeza garaşanynda, Petrus hut Isanyň aýdyşy ýaly hereket etdi. Emma soň bir zat boldy we gorkak edermen we batyrgaý adama öwrüldi. Iýerusalimde ol uly märekä ýüzlendi we güýç we ynamlylyk bilen yglan etdi: «…siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin» (Resullaryň işleri 2:36). Ol garşy durmalara, yzarlanmalara we ölüme seretmezden, Isany hemme ýerde wagyz etdi, çünki Ony öz gözi bilen görüp, gulaklary bilen eşidipdi. Ol parahatlygyň şaýadydy, hakykatyň şaýadygy, hakykaty bolsa haýal etmän we batyrgaýlyk bilen yglan etmelidir. Ol Isanyň ölümi we Onuň ölülerden direlmek baradaky hakykaty gizläp bilerdimi? Durmuşy bütinleý üýtgänleriň ýeke biri Petrus däldi. Beýleki mysal Tomasdy. Ol Isanyň ölülerden direlişine şaýat bolan beýleki şägirtlere ynanmaýardy we tä elindäki çüýleriň yzlaryny görýänçä, gapdalyndaky ýarasyna barmagyny degrip görýänçä ynanmajakdygyny aýdypdy. Haçan Isa gelip, elindäki çüýleriň yzlaryny we gapdalyndaky ýarasyny görkezeninde, Tomas ynam bilen: «Rebbim, Hudaýym!» diýip yglan edipdi (Ýahýa 20:28). Tomas ynama eýe boldy, şübhelerden azat bolup, Isa Mesihiň Hudaýdygyny, Onuň halas bolmaga bolan ýeke-täk ýoldugyny we Oňa iman eden her bir kişiniň göklerde baky durmuşa eýe boljkadygyny yglan etdi. Ruhy çopan Nadim hut Tomasyň Yrak bilen Hindistanda hoş habary wagyz edip, Mesihe bolan imany üçin jezalandyrylandygyny aýdypdy. Ol hem hakykatyň şaýady bolupdy. Tarik imanlary üçin görgi görüp öldürilen Petrus, Tomas we beýleki şägirtlerdir resullar hakynda oýlandy. Olar ýalan üçin bu zatlara döz gelip bilerdilermi? Tarik özüniň Täze Ähtde okanlaryna ynandy. Ol bu adamlar hakynda aýdylanlaryň barynyň dogrudygyna ynamly boldy. 47 Uklap bilmejekdigini bilip, Tarik biraz ylgamaklygy çözdi. Sport eşiklerini geýip, ol hiç kimi turuzmajak bolup, mümkin boldugyndan ýuwaşlyk bilen jaýdan çykdy. Daşa çykyp, bireýýäm ylgawdan gaýdyp gelýän Daliýa duşdy we haýran galdy. — Ertiriň haýyrly — diýip, Tarik ýylgyryp aýtdy. — Salam — diýip, Daliýa aýratyn bir keýpsiz jogap berdi. Haçanda ol Daliýany ogşajak bolanynda, ol yza çekildi. — Näme boldy? — diýip, Tarik sorady. — Bu ýerde däl — diýip, Daliýa uklaýandygyna seretmezden, öz gürrüňlerini portýeniň eşitmegini islemeýändigini pyşyrdy bilen aýtdy. Onsoň ol üm bilen Tarigi öz yzy bilen çagyryp, jaýdan daşraga ylgap gitdi. Onuň yzyndan ýetip, Tarik sorady: — Näme boldy? Sen menden öýkelediňmi? — Sen näme, gülen bolýarmyň? — diýip, Daliýa sorady. — Wah, özümiň kakaň bilen onuň imany hakda gürrüň edendigim üçin sen menden öýkeleýärsiň, şeýle dälmi? — Sen dogrudanam düşünmeýärsiňmi? — Ýok bolsa gerek — diýip, Tarik jogap berdi. — Ahyrsoňy näme bolýar? — Kakam bilen Isa hakda ýöne gürleşmeli däl, Tarik — diýip, ol jogap berdi.— Onuň asla akly çaşan. Ol seniň mesihi bolmagyňy talap eder, bolmasa ol saňa meniň bilen görüşmeklige rugsat bermez. Toý hakda ýadyňdan çykaryp bilersiň. Ol bolmaz. Sen baryny bozmak isleýärsiňmi? Sen meni söýýärsiň diýip oýlapdym. — Men seni söýýärin. — Onda Mukaddes Kitap hakyndaky gürrüňleriňi bes et. Olar hiç bir oňatlyga alyp barmaz. — Emma meniň üçin gyzykly. — Bes et — diýip, Daliýa aýtdy. — Sen degişýärsiň. — Men saňa çynymy aýdýaryn, — diýip, Tarik aýtdy. — Sen şeýle etmegiň bilen kakamyň göwnünden turmaga synanyşýarmyň? Hiç zat başa barmaz, ýöne eger sen mesihi bolaýmasaň. — Isanyň şägirdi, — diýip, Tarik ruhy çopan Nuruň sözlerini ulanyp, Daliýany düzetdi. — Tapawudy näme — diýip, anyklamadaky degişmä düşünmän, Daliýa jogap berdi. — Gulak as — diýip, Tarik gürrüňe başlady, — ilki bilen men dogrudanam mylakatly bolup, seniň kakaň bilen dostlaşmaga synanyşdym. Elbetde, men oňa ýaramak isleýärin. Bolmasa ol seni nähilidir bir Ýusefe, öz kömekçisine durmuşa çykarar. — Bes et — diýip, Daliýa gözlerini agdaryp aýtdy. — Bu hiç haçan hem beýle bolmaz. — Bu umyt berýär — diýip, Tarik aýtdy. Olar Petranyň köçeleri boýunça ýuwaşja ylgap gitdiler. — Emma bar gürrüň şundadyr, ýagny seniň kakaň näçe kän gürrüň berdigiçe, şonça-da ol meniň bilesigelijiligimi gozgady. — Bu çynyňmy? — diýip, Daliýa eşidenlerine ynanyp bilmän sorady. — Hawa, bu çynym — diýip, Tarik jogap berdi. Bütin gije uklaman, kakaňyň beren Täze Ähtini okandygym hem çyn. — Bütin? — Daliýa haýran galdy. — Bütin — diýip, Tarik jogap berdi. — Näme üçin? — Meniň üçin gyzykly boldy — diýip, Tarik jogap berdi. Isanyň bir wagt gaýdyp geljekdigi hakynda sen bilýärsiňmi? — Mümkin — diýip, Daliýa jogap berdi, Onuň sesinde müňkürlik bardy. — Sen Isanyň dolanyp geljekdigine ynanmaýarsyňmy? — Bilmeýärin — diýip jogap berdi-de, Daliýa birden gapdala burdy we Tarigi çalt bökmeklige mejbur etdi. — Bilmeýärin diýýäniň name? — diýip, ol ýene-de Daliýanyň yzyndan ýetip sorady. — Özümiň nämä ynanýandygymy bilmeýärin we bu hakda gürrüň etmek islemeýärin. Daliýa ýene-de çalt ylgady we Tarik onuň yzyndan gygyrdy: — Gulak assana, sen nämeden beýle gorkýarsyň? 48 Goddar irden turdy we öz otagynda peýnirli buterbrod iýip, kofe içdi-de, alty köçe aralykda ýerleşýän Beýrutyň polisiýasynyň merkezi bölümine ýola düşdi. Ol gaty ýadawdy — bütin gije uklap bilmän çykdy. Ol üstüni açyp bilmedik iş hakda jogaplar tapyp bilmedik soraglary özüne berýärdi. Eger Marwan Akkad Rafik Remziden haýýarlyk edip pul almadyk bolsa näme? — diýip, ol oýlanýardy. Özleriniň tassyklaýşy ýaly, eger Marwan dogany bilen Klodett Remzini ogurlaman, ýöne ony tapmaga synanyşan bolsalar näme? Eger Klodett Remzini hiç kim ogurlamadyk bolsa näme? Eger bularyň baryny Klodettiň özi oýlap tapyp, häzir bolsa Braziliýada gizlenýän bolsa näme? Eger Marwan munuň we bu dünýäde gaty uzak ýaşaýan baý ärine garşy dildüwşigiň subutnamsyny tapyp, ýöne Rafik Remzä kömek eden bolsa näme? Eger Klodett bilen onuň ýaranlary bu hakda bilip, birinji bolup hüjüm etmegi cözen bolsalar näme? Işiň şeýle taryhy Remziniň öldürilmeginiň, şeýle-de, maşynyň ýarylmagy bilen «Meridýendäki» ok atyşygy düşündirerdi. Emma näme üçin Marwan häkimiýetlere kömek etmän, ol gizlenip ýör? Şeýle-de, Raniýa Fawaz bilen onuň goňşusynyň öldürilmegini nädip düşündirmeli? Goddar polisiýa bölümine geldi, öz şahadatnamasyny görkezip, ele alnan bilen duşuşyga garaşyp durdy. Ol oýlanmagyny dowam etdirdi we onuň kellesinde diňe iki düşündiriş peýda boldy: Lemýeniň hasaplaýşy ýaly, ýa-da Marwan günäkär we şonuň üçinem polisiýadan gizlenýär, ýa-da Marwan Akkad günäkär däl we diňe şaýat, emma nähilidir bir sebäpler boýunça polisiýa ynanyp bilmeýär. Ol sebäpler nähili? Telefon jyňňyrdady. Bu Lemýedi. — Allo. — Mende yz bar — diýip, Skelet aýtdy. Marokkonyň gullugy ýazgy tapdylar, onda Marwan Kaire bolan reýse münýär. — Näme üçin olar beýle kän agtardylar? — diýip, Goddar sorady. — Menem muny bilmek islärdim — diýip, Lemýe aýtdy. — Emma gürrüň munda däl. Hiç bolmanda şu wagt wajyp däl. Marwan şu wagt «Tarik Jamil» adyny ulanýandygy wajyp. Müsür polisiýasy onuň gelendigini tassyklady. Siziň bilşiňiz ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň suratyny berdiler we biziň bilen Geliopolisden bolan bir adam habarlaşdy. Ol Tarik Jamile öz jaýyny kireýine beripdir, emma bu Tarik Jamil ýaňy-ýakynda Daliýa Nur atly bir gyz bilen gidipdir. Biz onuň nirä gidendigini bilmeýäris, emma onuň gözlegi bilen meşgullanýarys. Bu kän wagty almaly däl. — Men bir zat edip kömek edip bilerinmi? — diýip, Goddar ondan sorady. — Ýene bir gezek Rami bilen gürleşiň we oňa nämäniň mälimdigini biliň, hut şu wagtyň özünde! Meni oňaýsyz ýagdaýda goýmaň, Goddar, şu günüň ahyryna çenli maňa Marwanyň tabaga salnan kellesi gerek! Goddar özüniň düşünendigini aýdyp, telefony goýdy. Şol wagt oňa Dýuwalldan habar geldi. Goddar ýöne öz okanlaryna ynanyp bilmedi. Ol okanlaryna dogry düşünendigine göz ýetirmek üçin, haty ýene bir gezek okady we dessine aňy açyldy. Pikir ony şeýle bir geň galdyrdy welin, ol edil birinden duýdansyz urgy alan ýaly boldy. Bary öz ýerine düşdi. Nädip ol öň görüp bilmedikä? Nädip düşünip bilmedi? Iň erbedi-de, onda asla wagtynyň galmandygydy. Deslapky türmä basylma kamerasynyň girelgesiniň alnyndaky stoluň üstünde Goddar ýaragy bilen telefonyny goýdy, onsoň şahadatnamasyny görkezip, gol çekdi. Kamera girip, ol Ramini soraga tutdy. Ol wagtyny biderek ýitirip bilmeýärdi. — Siziň doganyňyz Tarik Jamiliň resminamalaryny ulanýar, şeýlemi? Raminiň ýüzüniň beýany onuň mamladygyny tassyklaýardy. — Ol Geliopolisde, Kairden daş bolmadyk, aeroportyň ýanynda jaý kireýine aldy, şeýlemi? Biraz dymyp durup, Rami başyny atdy. — Siziň doganyňyz özüni şu işi alyp barýanlaryň biri urgy astyna goýýar diýip hasaplaýar, şeýlemi? Rami ýene-de seresaplyk bilen başyny yrdy. — Siz Klodett Remzini tapmak üçin Braziliýa öz adamlaryňyzy goýberdiňiz, çünki Marwan bilen siz Klodett öz ärinden haýýarlyk bilen pul alýar diýip hasapladyňyz, şeýlemi? — Şeýle. — Marwan bolsa tä siziň hanym Remzini tapyp, özüni kimiň öldürmäge synanyşandygyny bilýänçäňiz gizlenmäge synanyşýar, şeýlemi? — Hut şeýle — diýip, Rami tassyklady. — Emma siziň adamlaryňyzyň hanym Remzini tapyp, ony kime tabşyrmalydygyny çözüp bilmändigiňizde problema jemleýär we şonuň üçinem olaryň soňky tabşyryklara garaşmaklaryny buýurdyňyz, şeýlemi? — Hawa, ser. — Şu wagt bolsa siz türmede, inspektor Lemýe bolsa şu ýakynda siziň doganyňyzy tapyp, ony türmä iberer, ýöne ilki bilen ony öldürmegi çözäýmese, şeýlemi? — Näme üçin siz muny maňa gürrüň berýärsiňiz, inspektor? — diýip, Rami ondan sorady. — Siz näme teklip edýärsiňiz? — Jenap Akkad, siziň doganyňyzyň günäkär däldigine men şu wagt ynamly — diýip, Goddar jogap berdi. — Men size muny başyndan bäri diýýärin. — Onda näme, şu wagt men size ynanýaryn. Şeýle-de, bu işde kimiň «körsyçandygyny» bilýärin diýip oýlaýaryn. Rami gözlerini giňden açdy. — Kim? — Marsel Lemýe. Rami demini goýberdi. — Baş sülçümi? Siz ynamlymysyňyz? — Indi hawa — diýip, Goddar jogap berdi. Onsoň Goddar Raminiň telefonyny diňlemekden başga-da, onuň elektron poçtasyny barlamak üçin rugsat alandygyny gürrüň berdi. Kolett Dýuwall onda fransuz razwedkasynda işleýän ýokary derejeli adamdan gelen haty tapdy. — Bu Pýer, biz onuň bilen bireýýäm ençeme ýyl tanyş — diýip, Rami aýtdy. — Ol arassa. Men ondan ýöne başaran zadyny bilmegini soradym. — Hawa, men bilýärin — diýip, Goddar aýtdy. — Emma siziň Bagdadda bolanyňyzdaky Pýeriň size iberen haty ýadyňyzdamy? — Onda Pýer Lemýeniň fransuz razwedkasyndan Marwana degişli bolan ähli resminamalaryň nusgalaryny sorandygymy? — Hawa — diýip, Goddar tassyklady. — Bolanynda näme? — diýip, Rami düşünmän sorady. — Meniň doganyň Lemýe üçin Rafik Remziniň öldürileninden bäri esasy günäkär hasaplanylýandy. Onuň Marwana degişli bolan ähli zatlary agtarýandygy tebigy dälmi? — Elbetde — diýip, Goddar onuň bilen ylalaşdy. — Emma haçanda Dýuwall bu haty okanynda, ol Lemýeniň olardan haçan maglumaty sorandygyny bilmek üçin fransuz howpsuzlyk gullugyna ýüz tutdy. Görlüp oturylsa, Lemýe muny Marwanyň Remzi bilen Monte-Karlodaky duşuşygyndan üç gün öň edipdir. — Öldürilmeden üç gün öň? — diýip, Rami gaýtalap sorady. — Bu neneň beýle bolup bilýär? — Lemýe üçin siziň doganyňyz hakynda maglumatyň gerekdiginiň diňe bir düşündirişi bolup bilýändir — diýip, Goddar aýtdy. — Lemýe Marwany Remziniň gizlinlikde kireýine tutandygyny we Marwanyň hanym Remziniň haýýarlyk bilen pul alýandygyny bilýär. Şu üç günüň içinde Lemýe jenap Remzini we siziň doganyňyzy öldürmegi planlaşdyrýar we hanym Remzini onuň San-Pauludan gidip, daglarda gizlenmegini duýdurýar. Ýogsa-da, siziň adamlaryňyzyň gurşan we hanym Remziniň oturan öýüniň hojaýynynyň kimdigini bilýärsiňizmi? Rami başyny ýaýkady. — Lemýeniň dogany. Rami aňk-taňk boldy. — Siz degişýärsiňizmi? — Hiç-de. Muny Dýuwall aýan etdi. Men ýaňyja ondan hat aldym. — Garaşyň, Rafik Remziniň öldürilmegi baradaky işiň baş sülçüsi — bu ganhorlugy gurnanlaryň biri bolup çykýarmy? — diýip, Rami ýüzlendi. — Şeýledir diýip gorkýaryn. — Meniň doganymyň yzyna düşen ony ele alman, ýogsam öldürmek isleýärmi? — Şeýle bolsa gerek. — Lemýe Marwana näçe ýakynlaşdy? — diýip, Rami sorady we onuň ýüzünde howsalalarynyň bary aýan boldy. — Gaty ýakyn, Rami, şonuň üçinem maňa siziň kömegiňiz gerek — diýip, Goddar boýun aldy. — Onuň nirededigini maňa aýdyň we men ony ele alaryn, tä Lemýä garşy aýyplamany çykaryp, ony türmä basdyrýançam, Marwan meniň goragym astynda bolar. Bu aňsat bolmaz (Ýewropanyň hukuk goraýjy güýçleri üçin Lemýe — gahryman), emma siziň kömegiňiz bilen men muny edip bilerin. — Men size kömek ederdim, jenap Goddar, emma men öz doganymyň şu wagt nirededigini bilmeýärin — diýip, Rami aýtdy. — Men ony diňe sputnik telefonyň üsti bilen tapyp bilerin, ol diňe ondan jaňlary kabul edýär. Emma meni ele alanlarynda, ol telefonymyň nirä ýitirim bolandygyny bilmeýärin. — Siziň telefonyňyz meniň myhmanhanamdaky otagymda — diýip, Goddar aýtdy. — Eger doganyňyz jaň etse bileýin diýip, men ony öz ýanymda goýdum. Yzyma düşüň. Goddar Rami Akkadyň boşadylmagy üçin wajyp bolan resminamalara gol çekdi we öz ýaragy bilen telefonyny aldy. Olar polisiýa bölüminden çykyp, taksi tutdular we myhmanhana howlukdylar. 49 Tarik ýuwundy we geýnip, ertirlik nahary başynda Nurlaryň maşgalasyna goşuldy. — Şu gün biz näme ederis? — diýip, Daliýa sorady. — Geliň, bir zatlar bilen meşgullanalyň, mysal üçin, şähere aýlanalyň. (Bu diýmeklik: «Geliň, Isa hakda gürrüň etmäliň» diýmegi aňladýar diýip, Tarik oýlandy.) — Nadim, gel, şu gün sen işiňe gitmän dynç alarsyň we biz Daliýa bilen Tarigi Nabateýleriň gowagyna we Faraonlaryň Hazynasyna gezdireris — diýip, hanym Nur kofe salyp aýtdy. — Gaty oňat pikir, eje — diýip, Daliýa aýtdy. — Tarik üçin bu gyzykly bolar diýip pikir edýärin. — Siz ol ýerde bolduňyzmy? — diýip, ruhy çopan Nur sorady. — Ýok, ser, emma men bu ýerler hakynda kän eşitdim — diýip, Tarik jogap berdi. — Bularyň bary çyn — diýip, çopan aýtdy. — Gadymy şäher, bu ünse mynasyp bolan hakyky hadysa. Ol gowaklarda oýlup gurlan. Petra Nabateý şalygynyň paýtagtydy, ösüp barýan söwda merkezi we nabateýleriň hazynalarynyň ammarydy. Daliýa mamla, siziň üçin gyzykly bolar. — Ol ýerde şu wagt kimdir biri ýaşaýarmy? — Ýok, şäher taşlanan. Ol ýerde diňe syýahatçylara we ýadygärlik sowgadydyr sowadyjy içgileri satyjylara duş gelip bolar. Emma köp mesihiler, menem şol sanda, şeýle hasaplaýarlar, ýagny onuň resul Ýahýanyň Ylham kitabynda ýazan gaçybatalga bolmagyny Hudaý kesgitläpdir (Ylham 12:6, 14). — Kaka, her iki sekuntdan Mukaddes Kitap hakynda gürrüň etmän, biz ýöne ertirlik naharyny edinip bilerismi? — diýip, Daliýa aýtdy. — Mähribanym, biz Ýakyn Gündogarda, mukaddes kitap wakalarynyň bolup geçen ýeri bolan Iordaniýada ýaşaýarys. Hut şu ýerde Hudaý Isa Mesih arkaly Özüni aýan etmegi saýlady. Bu ýerde biz mukaddes kitap topragyna aýak basýarys. Bu ýere pili sokup, Mukaddes Kitabyň hakykylygy baradaky täze-täze subutnamalary aýan edýäris. Daliýa jogap bermäge synanyşdy, emma Tarik birinji bolup gürrüňe başlady. — Hawa, ruhy çopan Nadim, men siziň düýn agşamky aýdanlaryňyz hakynda gaty kän oýlandym we mende soraglar ýüze çykdy. Sizde birnäçe minut boş wagtyňyz barmy? — Elbetde, Tarik. — Ine, ýene başlandy — diýip, Daliýa kofesini owurtlap, gözlerini agdaryp aýtdy. — Bagyşla, Daliýa, emma meniň üçin bu gyzykly — diýip, Tarik ýuwaşja aýtdy. — Bu kän wagty almaz. Tarik bilen ruhy çopan Nadim ertirlik nahary başynda Mukaddes Kitap hakynda gürrüň etdiler. Olar nabateýleriň şäherine we jülge boýunça gadymy Petranyň merkezine bolan ýolda gürrüňlerini dowam etdirdiler. Daliýa gürrüňe goşluşmakdan gaçýardy. Ol ejesi bilen çagalygy hakynda gürrüň etmäge synanyşdy, emma ejesi erkekleriň gürrüňlerine gulak asýardy. — Emma Täze Äht Isadan kän wagt geçenden soň ýazyldy we diýmek, ol Onuň sözlerini anyk berip bilýän däldir — diýip, Tarik «mesihiligi» berklige synap aýtdy. — Hawa, käbir şübheçiller Täze Ähtiň kitaplarynyň Isadan ýüzlerçe ýyl soň ýazylan diýip, tassyklamaga synanyşdylar — diýip, Daliýanyň kakasy jogap bermäge girişdi. — Iş ýüzünde ol has ir ýazylan, Isanyň ölüp, ölülerden direleninden bary-ýogy birnäçe onýyllyklardan soň ýazylan. Gadymyýetçiler bu kitaplaryň biziň eramyzyň 50-nji we 66-njy ýyllar aralygynda ýazylandygyny aýan etdiler. Tarik haýran galypdy: — Ýagny wakalaryň şaýatlarynyň diri wagtlarynda ýazylan eken. — Hut şeýle. Bu hem beýannamanyň anykdygyny kepillendirýär. Eger täze äht beýannamalary wakalary ýoýýan bolsady, olaryň şaýatlary seslerini çykarman oturmazdylar we bir zatlar ederdiler. Isanyň täsinlikleri hakynda gürrüň bermegi bilen Petrus diňleýjilere öz aralarynda Hudaýyň Isa hakda täsinlikler we alamatlar bilen güwälik edendigini we özlerini hem bilen zatlary hakda şaýatlyk etmeklerini tabşyrandygyny aýdýar (Resullaryň işleri 2:22). Eýsem, adam görnen zady üýtgedip bilermi? — Ýok, bilmez — diýip, Tarik tassyklady. — Size Uilýam Olbraýtyň ady tanyşmy? — Ýok, men hiç haçan hem ol hakda eşitmedim — diýip, Tarik jogap berdi. — Bu mukaddes kitap gadymyýetleriniň iň meşhurlarynyň biridir — diýip, ruhy çopan aýtdy we goştorbasyny açyp, onuň içinden «Ýöne bir agaç ussasy däl» atly kitaby çykardy we ony açyp, Tarige uzatdy. — Ine, şu ýerden başlap okaň. Daliýanyň kakasynyň gezelenje öz ýany bilen Isa hakda kitaplary alýandygyna Tarik geň galypdy. — Sizde ýene näme bar? — diýip, ol güldi. — Öli deňizden tapylan golýazmalar hem barmy? — Ýok, diňe Mukaddes Kitap, suw we ir-iýmişler — diýip, Nadim gülüp jogap berdi. — Ir-iýmiş iýjekmisiňiz? — Ýok, ser, minnetdar. Men entek bu kitaby okajakdyryn. Tarik ýöne kellesini ýaýkan Daliýa seredip, okamaga başlady: «…indi biz doly ynamlylyk bilen tassyplap bilýäris: Täze Ähtiň ähli kitaplary biziň eramyzyň 80-nji ýyldan ozal ýazylan, ýagny Mukaddes Kitabyň biziň günlerimiziň tankytçylary tarapyndan kabul edilen biziň eramyzyň 130-150-nji ýyllary bilen senelendirileninden iki doly nesil öň» (Joş Mak-Dauell. Ýöne bir agaç ussasy däl. — M.: «Ostožýe» neşirýaty, 1992. — S. 42-43). Ol saklandy-da, ruhy çopan Nura seretdi. — Ol ýerde ýene bir bölek bar — diýip, ol aýtdy. — Ser Uilýam Remzi, ýene bir ady belli gadymyýet hem hut şeýle diýýär. Eger isleseňiz, men size Täze Ähtiň kitaplarynyň wakalaryň şaýatlary tarapyndan ýazylandygyny subut edýän we munuň yzysüre, ynamy ödeýändigini tassyklaýan ýene-de onlarça kitaplary size teklip ederin. Olary kimiň ýazandygyny aýdyp bilersiňizmi? — Isanyň şägirtleri we Onuň yzyna eýerijiler, dogrumy? — diýip, Tarik jogap berdi. — Dogry. Awtorlar Onuň şägirtleri we yzyna eýerijilerdiler. Olar şaýatlardylar! Ine, näme üçin Mukaddes Kitap ynamy ödeýär. Olar Mesih bilen bile ýaşadylar, Ony diňlediler, Ony gördüler, Onuň bilen bile gezdiler. Hoş Habary, üç haty we Ylham Kitabyny ýazan Ýahýa resul şeýle diýýär: «Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris. Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir» (1 Ýahýa 1:1-3). Diýmek, Ýahýa kim eken? — Men onuň şaýat bolandygyny aýdardym. — Şeýle-de — diýip, ruhy çopan sözüni dowam etdirdi, — Hudaýyň ylhamy bilen resul Pawlus şeýle diýýär: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy» (2 Timoteos 3:16), resul Petrus bolsa şeýle tassyklaýar: «Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir. Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 Petrus 1:21). — Gyzykly — diýip, Tarik aýtdy. — Ýöne gyzyklymy? Bu soraga näme jogap bermelidigini Tarik bilmedi. — Gaty gyzykly — diýip, ol kitaby yzyna uzadyp aýtdy. — Gyzykly, ýöne siz soňuna çenli ynamly dälsiňiz, şeýle dälmi? — diýip, ruhy çopan Nur sorady. Tarik eginlerini gysdy. Onuň kellesi bilen ýüreginde nähili bitertipligiň höküm sürýändigini Nurlaryň bilmegi gerek däl. Ilki bilen onuň özi bar zada düşünmeli. 50 — Bizde problema — diýip, Rami aýtdy. Goddaryň myhmanhanadaky penjiresinden ol Beýrutyň merkezine seredýärdi. — Nähili? — Marwan jogap bermeýär. — Ýene synanyşyp görüň — diýip, Goddar otagda eýläk-beýläk ýöräp aýtdy. — Men dört gezek jaň etdim. — Bu nämäni aňladyp bilýär? — Bu onuň telefonynyň öçürilendigini ýa-da ony öz ýany bilen almandygy, ýa-da… aňladýar. Rami sözüni gutarmady, emma munuň wajyplygy ýokdy. Goddar onuň näme diýjegine düşündi. Marwan Akkady bireýýäm ele alan ýa-da öldüren bolmaklary mümkin. — Howsalanmaň, biz ony taparys. Bary oňat bolar — diýip, Goddar aýtdy. Onuň muňa ynanasy gelýärdi. Birden telefon jyňňyrdady. Bu Dýuwalldy. Goddar trubkany eline aldy. — Näme täzelik, Kolett? — Siz nirede bolduňyz? — diýip, ol sorady. — Jaň edip, men sizi tapyp bilmedim. — Men bölümdedim — diýip, Goddar düşündirdi, — ol ýerde telefondan peýdalanyp bolmaýar. Näme boldy? — Siz meniň hatymy almadyňyzmy? — Ýok. — Lemýe iki gezek jaň etdi, — diýip, Dýuwall aýtdy. — Sizi tapyp bilmän, guduzlady we özümiň sizi tapmagymy talap etdi. — Lemýe näme isledi? Rami Goddara tarap öwrüldi. — Ol müsür gullugynyň Tarik Jamil bilen onuň gyzyny Şarm-El-Şeýhiň myhmanhanasyna çenli barandyklaryny bilendiklerini aýtdy. — Bolýar. Meniň üçin uçara çalt bilet buýruň. — Bu entek bolany däl — diýip, Dýuwall sözüni dowam etdirdi. — Olar myhmanhanany taşlap, taksili Nubeýbä, ol ýerdenem uly gämili Akabu tarapa gidipdirler. — Iordaniýamy? — diýip, Goddar sorady. — Näme üçin Iordaniýa? — Gyzy şol ýerden. — Onuň ady kim? — Daliýa Nur. — Birje minut, Kolett — diýip, Goddar ýüzlendi. Ol Rami tarapa öwrülip, oňa Daliýa Nur adynyň tanyşmy ýa-da ýokdugyny sorady. — Ýok — diýip, Rami jogap berdi. — Emma birnäçe gün mundan ozal men doganymyň Kairden gitmelidigini aýdypdym. Ol ýurtdan çykmak üçin bu gyzy ulanan bolsa gerek. Goddar telefon boýunça gürrüňini dowam etdirdi: — Ol haýsy şäherden? — Petradan, mende onuň salgysy bar — diýip, Dýuwall jogap berdi. — Ol Lemýede hem bar. Ol öz adamlary bilen bireýýäm ol ýere gitdi. Goddar ýaňa ýygrylyp gitdi. — Olar özleriniň saparlary hakynda Iordan häkimiýetlerini habarly etdilermi? — Ýok, ser. — Olar öz ýanlary bilen müsür poliseýleriniň birini aldymy? — Ýok, ser. Goddar pikirlerini ýygnamak üçin sesini çykarman durdy. — Kolett, siz meniň Lemýe hakda näme pikir edýändigimi bilýärsiňizmi? — Siz onuň «körsyçandygy» hakynda pikir edýärsiňiz. Ýagny ol hanym Remzi bilen işleýär. — Siz nähili pikir edýärsiňiz? — Soňky birnäçe sagatlaryň içinde bilenlerimize esaslanyp, menem şeýle pikir edýärin. — Biz muny subut edip bilerismi? — Entek ýok, ser, bize kän wagt gerek — diýip, Dýuwall aýtdy. — Bizde kän wagtymyz ýok. Eger Lemýe Marwan Akkady tapsa, ol ony öldürer. — Lemýäni ele almaklygy Iordan häkimiýetlerine habar bermelimi? — Ýok, olarda bizde bar bolanyndan hem kän subutnama bolmaýança, olar hiç zat hem etmezler — diýip, Goddar aýtdy. — Siz näme etmek hakynda pikir edýärsiňiz, ser? — Meniň edip biljek ýeke-täk zadym, Kolett. Meniň üçin Petra dikuçar taýýarlaň. Men aeroporta gidýärin. Ýörüň, gideliň, Rami. Siz meniň bilen gidersiňiz. 51 Olar dört kişi bolup, Nabateýleriň gadymy paýtagty boýunça ençeme sagatlap aýlanýardylar, galalarda köşkleri we ybadathanalary oýup ýasan ussalaryň ussatlygyna haýran galýardylar. Hanym Nur ýol görkeziji kitapçadan okady: «Petra — dünýädäki iň güýçli täsir galdyrýan we özboluşly gözel ýerleriň biri. Bu ýerde bir wagtlar gülläp ösen şäheriň daşdan oýlup ýasalan mazarlary we ybadathanalary saklanylan. Adamlar bu ýerde gadymy döwürden bäri ýaşapdyrlar, emma nabateýleriň gelmezlerinden ozal Petra ýöne çöldäki guýudan uly zat däldi. Biziň eramyzdan ozal III asyr bilen biziň eramyzyň I asyrlarynyň arasynda bu ýerde şalygyň söwda merkezi bolan täsin şäher gurlupdy. Biziň eramyzyň 106-njy ýylynda Petra Rim imperiýasynyň düzümine girizilýär. Şäher IV asyrda hristian, VII asyrda musulman şäheri bolýar we XII asyrda gysga wagtlaýyn bu ýere haçly ýörişe gatnaşyjylar gelýärler. Petra 1812-nji ýylda şweýsar barlag geçirijisi Ýakob Burkhardt tarapyndan täzeden açylýar». Olary Al-Haznenniň grek sütünli, sokolly we tagtaly Genji-hazynasynyň beýik binasy haýran galdyrdy. Merdiwan boýunça olar öň tarapynyň ini 47 we ýokarlygy 40 metr bolan öňki buthana bolan, häzirki El-Deir monastyryna ýokary galdylar. Patyşa mazarlygynyň gapdalyndan geçip we sütünli köçelerden geçip, olar Petradaky iň ady belli Kasr-El-Bint ybadathanasynyň çägine girdiler. Ahyrsoňy olar Petranyň Ybadathanasyna Iordandaky Hudaýa gulluk edilýän gadymy ýerleriň birine geldiler. Bu «birwagtlar ullakan wizantiýa reýhanynyň» çäkleri täsin öwsern bilen bezelipdi. Hanym Nuruň belleýşine görä, ýol görkeziji kitapça laýyklykda, «bu ýerde tapylan 152 golýazmalar Petranyň wizantiýa döwründäki gündelik durmuşynyň jikme-jiklerini açyk görkezýär». Haçanda olar Isanyň şägirtleriniň ýaşan bu gadymy jaýlaryna syn edenlerinde, Tarik Isa bilen Onuň şägirtleriniň aýdan we ýazan mukaddes kitap beýannamalarynyň anyklygy baradaky tema dolanman bilmedi. Ol ýene-de soraglar berip başlady. Emma ine-de, çopan oňa sorag berdi: — Täze Ähtiň golýazmalarynyň islendik gadymy golýazmalardan gaty kändigini siz bilýärsiňizmi? — Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz? — diýip, Tarik düşünmän sorady. — Gadymyýetler tarapyndan Täze Ähtiň 24 müň gadymy golýazmalary tapyldy (olaryň käbirleri 130-nji ýyl bilen senelendirilýär), olaryň tekstleri birmeňzeş — diýip, ruhy çopan Nur düşündirdi. — Bu nämäni subut edýär? — Bu bizde bar bolan Täze Ähtiň täzeden göçürlip alnyp, biziň döwrümize çenli ýoýulmasyz gelip ýetendigini subut edýär. Deňeşdirmek üçin: ikinji orunda bar bolan golýazmalarynyň sany boýunça uly yza galma bilen Gomeriň «Iliadasy» gelýär, bizde onuň 643 golýazmalary bar. Ýogsa-da, golýazmalary gaty az galan kän gadymy edebiýatlaryň tekstleri asyl nusga laýyk hasaplanylýar. Mysal üçin, Sezar özüniň «Gall urşy baradaky ýazgylaryny» takmynan biziň eramyzdan öň 58-50-nji ýyllarda ýazypdyr. Emma dünýäde olaryň diňe 9 ýa-da 10 golýazma nusgalary saklanypdyr we olaryň bary awtoryň öleninden müň ýyl ýa-da ondan hem gowrak wagt geçeninden soň ýazylypdyr. Aristotel özüniň «Poetikasyny» biziň eramyzdan öň 343-nji ýyllar töweregi ýazypdyr. Emma onuň iň gadymy golýazmasy biziň eramyzyň 1100-nji ýyly bilen senelendirilýär, ýagny 1400 ýyl geçeninden soň ýazylan, bu eseriň bolsa bary-ýogy 49 nusgasy bar. Ýagny meniň aýtjak bolýanym şu, Isanyň şägirtleriniň ýazanlarynyň anykdygyna bolan şübhe dünýäde bar bolan islendik taryhy resminamalaryň islendigine bolanyndan gaty ujypsyz bolmalydyr. — Mümkin, emma bularyň baryndan Isanyň şägirtleriniň hut Onuň aýdanlaryny ýazandyklary gelip çykmaýar — diýip, Tarik garşy çykdy. — Täze dini döretmekleri üçin olaryň Isanyň Hudaýdygy baradaky tassyklamasyny oýlap tapandyklarynyň ýalňyşdygyny kim subut edip biler? — Aldamak üçin olarda näme sebäpler bardy? — diýip, ruhy çopan Nur sorady. Ýöremekden ýadap, olar bir wagtlar 7 müň tomaşaçylary sygdyran gadymy teatra girdiler we gaýada ýonulyp oňarylan oturgyçlarda oturdylar. — Kaka, goýsana, sebäpler dürli-dürli bolup bilerdi — diýip, hemmeleri haýran galdyryp, Daliýa gürrüňe goşuldy, — açgözlük, şöhrat bilen ygtyýarlyga bolan höwes, umuman islendik zat. Eýsem, Rim imperiýasy hristianlara geçmedimi? Olar Isa Hudaý, özleri bolsa Onuň ýerdäki wekilleri diýip, baýlyga, ygtyýarlyga eýe bolmadylarmy? — Sen degişýän bolsaň gerek, meniň mähribanym! — diýip, kakasy gyzyna ýüzlendi, emma ol muny Tarigiň garaşanyndan gaty ýumşak etdi. — Ýok, men bütinleý çynlakaý diýýärin — diýip, Daliýa gaýtargy berdi. Tarik ýygryldy. Daliýa näme edýär? Gyzy bilen kakasynyň arasyndaky jedel şu wagt olara asla gerek bolan zat däl. — Sen bir zatlary çalyşdyň diýip gorkýaryn. — Eýsem, rim imperatory Konstantin hristian bolmadymy we ol ybadathana ullakan baýlygy we ygtyýarlygy bermedimi? — diýip, Daliýa öz garaýşyny tassyklap jogap berdi — Elbetde, ýok. Hawa, ol hristian boldy, emma, Daliýa, bu Isadan 300 ýyl soň bolupdy. Mesihiň birinji şägirtleri garyp, bilimsiz balykçylar we Rimiň golastyndaky Palestinadaky salgyt ýygnaýjylardy. Olar özleriniň Isanyň ölüp, ölülerden direlendigi hakynda bütin dünýä gürrüň berip, baýlyk we ygtyýarlyk aljakdyklaryna umyt baglap bilmezdiler. Tersine, bu saňa bireýýäm mälim, ilkinji mesihiler ullakan butparaz imperiýanyň dini azlygynyň içindäki ujypsyzja topar bolmaklaryna galýardylar. Olar bilen ylalaşmaýardylar, olary berk yzarlaýardylar, Özüniň şägirtleri bolmaklary üçin Isanyň saýlan on iki şägirtleri, resullar bolsa görgüler görüp öldüler. Olar özleriniň Isanyň direlendiginiň we Onuň Hudaýdygynyň şaýatlarydyklaryny tassyklandyklary üçin jezalandyryldylar. Olar mesihiler bolandyklary üçin olary ýençdiler we gynadylar, gaty elhenç usullar bilen öldürdiler. Olaryň altysyny haça çüýlediler, Petrusy bolsa başaşaklygyna haça çüýlediler. Resullaryň ikisini gylyç bilen öldürdiler, Ýakuby daşlap öldürdiler, Tomasy bolsa naýzaladylar. On ikinji resul bolan Ýahýa öz imany we wagyzlary üçin Patmos adasyna sürgün edilipdi we şol ýerde-de aradan çykypdy. On ikileriň hiç biri-de özleriniň Isanyň yzyna eýerendikleri üçin ne maddy, ne-de syýasy ýagşylyk gördüler. Emma olaryň hiç birleri görgüleriň astynda-da Isanyň dünýäni ýaradyjy Hudaýdygyna we adamzadyň Halasgäridigine bolan imanyndan dänmedi. — Belki-de şeýledir, — diýip, Daliýa jogap berdi, — emma bu hiç zady subut etmeýär, taryhyň içinde, kaka, köp adamlar ýalan üçin öz janlaryny gurban etdiler. Gürrüňe hanym Nur goşuldy. — Hawa, köpler ýalan üçin öldüler, Daliýa, emma olar hakykata eýerýändiklerine ynamlydylar. Sen resullar baýlyk we ygtyýarlyk almak maksatlary bilen Isanyň Öz hudaýlygy baradaky tassyklamasyny oýlap tapdy diýýärsiň. Emma bu farktlara gabat gelmeýär. Eger-de Isa beýle diýmedik bolsa we Täze Ähtiň tassyklaýşy ýaly, üçünji gün diýende ölülerden direlmegi bilen Öz hudaýlygyny subut etmedik bolsa, diýmek, resullar munuň ýalandygyny bilýärdiler. Seniň teoriýaň boýunça, jogapkärçilik olaryň eginlerinde bolýar. Emma özüň oýlan: bu diýmeklik olaryň ýöne bir ýalan üçin däl, eýsem, özlerine ne syýasy, ne-de maddy taýdan hiç bir peýda getirmedik ýalan üçin öz janlaryny gurban edendiklerini aňladýar. Sen munda nähilidir bir many görýärsiňmi? 52 Daliýa oýa batdy. Biraz wagtdan soň ol islegsizlik bilen ylalaşdy: — Dogrudanam, munda hiç bir many ýok. Hiç kim hem munda many tapmazdy. — Isanyň jesedi näme? — diýip, kakasy sorady. — Isanyň ölülerden direlendigi baradaky tassyklamany inkär edip, şeýlelik bilen mesihiligi ilki başyndan ýok etmeklik üçin onuň garşydaşlaryna ýöne Isanyň jesedini görkezmeklik ýeterli bolardy. Emma olar muny edip bilmediler. — Näme üçin? — diýip, Tarik sorady. — Çünki hiç kim hem ony tapyp bilmedi — diýip, ruhy çopan Nur jogap berdi. Kimdir biri jesedi resullaryň ogurlandygyny tassyklady. Emma biz olaryň Isanyň ölülerden direlşinden öňki durmuşlaryny näçe kän barladygymyzça, munuň mümkin däldigine biz şonça-da güýçli göz ýetirýäris. Olaryň hiç birleri-de beýle iş üçin ýeterli derejede batyrgaý däldiler. Mundan başga-da, mazary rim esgerleri goraýardylar we olar ýesiri ýitirmekligiň, hatda öli ýagdaýynda bolsa-da, özleri üçin ölüm jezasyny aňladýandygyny bilýärdiler. Şonda-da Isanyň jesedi ýitirim boldy. Iýerusalimdäki hemmeler, şol sanda Isanyň zalym duşmanlary-da, onuň ýitendigini bilýärdiler. — Eýsem, ony kimdir biri ogurlap bilmezmidi? — diýip, Tarik sorady. — Rim esgerleriniň gapdalyndan hiç kim hem geçip bilmezdi — diýip, ruhy çopan jogap berdi. — Onsoňam, bu kime gerekdi? Ýewreý liderlerine bu asla gerek däldi. Isanyň ölülerden direlendigi hakynda adamlaryň pikir etmekleri olar üçin asla gerek däldi. Hut Isanyň üçünji gün ölülerden direljekdigini aýdandygy üçin ýewreýler rimlileriň mazary goramaklaryny haýyş etdiler. — Ähli aýdylanlardan ugur alyp, siziň bu hakda gaty kän oýlanandygyňyza göz ýetirýärin, ser, — diýip, Tarik aýtdy. — Hawa, men taryhy we gadymyýet resminamalaryny uzak wagtyň dowamynda öwrendim. Hut şonuň üçinem men Isanyň yzyna eýeriji boldum, men şaýatlyklary öwrenip, özüm üçin netije çykardym. Isa ýöne bir oňat adam däldi. Ol ýöne bir agaç ussasy däldi. Ol Özi hakda aýdanyň Özüdi: «Men — ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6). — Isanyň günäleriň bagyşlanmagyna bolan ýeke-täk ýoldugyna siz ynamlymysyňyz? — Hawa, men muňa ynamlydyryn. — Göklere hem bolan ýeke-täk ýolmy? — Hawa, hut şeýle. Tarik oýlandy. Onuň gözüniň alnynda gadymy Petra şäheri uzalyp ýatyrdy. Ony özüniň eden günälerine düşünmeklik gynaýardy. Olaryň sanawy gitdigiçe uzalýardy. Olaryň iň esasysy ýalandy, emma beýlekiler hem neneň kändi. Ol papirusda çekilen «Soňky höküm» atly suraty ýadyna saldy. Onuň ýüregi galamdan asla ýeňil däldi. Ýagny eger ol şu gün öläýse (Hudaý muňa ýol beräýmesin!), göklere bolan ýol onuň üçin ýapyk. Ol göni dowzaha gider. Bu pikir ony gaty gorkuzdy. Halas bolma Isada? Ol Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşmy? Ol göklere bolan ýeke-täk ýolmy? Ruhy çopan Nur Isanyň Hakykatdygyny we Onuň ähli diýenleriniň hem hakykatdygyny, Onuň durmuşy, adamyň durmuşyny üýtgedip bilýändigini aýtdy. Ýöne şonda-da..? Özüni elinde saklaman, ol bu soragy ses bilen berdi. Ruhy çopan Nur oňa tarap öwrüldi-de, ondan sorady: — Şonda-da näme? Siz näme hakda oýlanýarsyňyz, Tarik? — Eger Mukaddes Kitap, Täze Äht wagtyň geçmegi bilen üýtgedilen bolsa näme? Sorag hanym Nury aňk-taňk etdi: — Mukaddes Kitap? Üýtgedilen? — Çünki köpler bu hakda diýýärler. — Hatda eger muny müň gezek aýtsaň-da, bu hakykat bolmaz — diýip, ruhy çopan Nur jogap berdi. Muny diýýänler Mesihiň we mesihiligiň duşmanlary. Maňa jogap beriň, Tarik, haçan we kim tarapyndan üýtgedilen? — Haçan? — Hawa. Ol haçan üýtgedilip bilindi? — Islendik wagt. — Ýok. Mukaddes kitap golýazma görnüşinde gaty gadymy döwürlerden bäri saklanylyp gelinýär we bu golýazmalary islendik adam görüp biler. Geliň, Täze Äht hakynda gürleşeliň. Ol I asyrdan bäri bar. — Hawa. — Şol wagtlar ony üýtgedip bolmazdy, çünki Isanyň döwürdeşleri diridiler we olar özleriniň şaýat bolan beýannamalarynyň üýtgedilmegine ýol bermezdiler. Şondan soň golýazmalar ýaýradyldy we olaryň baryny ýene-de bir ýerde jemläp, üýtgemeler girizip bolardy. Bu bolsa mümkin däldi, çünki golýazmalar gaty kändi. — Düşünýärin. — Indi ikinji sorag: kim tarapyndan? Tekst kim tarapyndan üýtgedilip bilindikä? Ýewreýler ýa-da mesihiler tarapyndan? Ýewreýler Mesihi kabul etmediler. Olar Ony we Onuň ähli diýýänlerini inkär etdiler. Olar hiç haçan hem Täze Ähti üýtgedip, ony häzirkisi ýaly — Mesihi we mesihiligi öwýän edip üýtgetmezdiler. Oýlanyp, Tarik gürrüňe ünslüje gulak goýup duran Daliýa bilen onuň ejesine seretdi we şeýle diýdi: — Onda muny mesihiler edip bilerdiler. Olar Täze Ähti öz peýdalaryna üýtgedip bilerdiler. — Eger-de olar muny beýle etmäge synanyşaýsalar-da, onda ýewreýler goh ederdiler. Olar hiç haçan hem muňa ýol bermezdiler. Nähili pikir edýärsiňiz? — Siz mamla, bu mümkin bolmazdy — diýip, Tarik ylalaşdy. — Hudaýa şükür — diýip, Nur aýtdy-da, ýylgyrdy. — Diýmek, bu Hudaýyň Sözi, Hudaý bolsa Özüniň Mukaddes Kitabyny adamzatdan gorap bilerdi. «Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar» (Ylham 22:19). Kim ony üýtgetmäge batyrgaýlyk ederdi? Isa şeýle diýdi: «Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez» (Matta 24:35). Ruhy çopan Nur Tarigiň ýanynda oturyp, onuň egninden gujaklap durdy. — Men görýärin welin, siz munuň üstünde gaty çynlakaý oýlandyňyz, oglum? — Hawa, ser. Biraz sesini çykarman durup, soň Nur sorady: — Siz Mesihiň yzyna eýeriji bolup, ähli günäleriňiziň ötülendigini we bakyýeti Hudaýyň Özi bilen göklerde geçirjekdigiňizi ynamlylyk bilen bilmek islärdiňizmi? Tarigiň ýüregi çalt urup başlady. Ol Raminiň, Daliýanyň näme diýjekdiklerini bilmeýärdi, emma munuň şeýledigine, ýagny Isanyň özüne Hudaýyň maşgalasyna girmekligi teklip edýändigine ynamlydy. — Hawa, ser. Men gaty islärdim. Emma muny nädip etmeli? — Isa şeýle diýýär: «Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar» (Ylham 3:20). — Bu dogrudanam şeýlemi? — diýip, Tarik sorady. — Hawa, bu şeýle — diýip, Nur aýtdy. Siz hut şu wagtyň özünde Isa Mesihi özüňiziň şahsy Halasgäriňiz we Rebbiňiz hökmünde kabul edip bilersiňiz. — Nädip Onuň öz durmuşyma girmegini soramaly? — Iman dilegi bilen. Dileg — bu Hudaýa bolan ýüzlenme. Hudaý siziň ýüregiňizi we ondakylaryň baryny bilýär. Onuň üçin sözler däl-de, ýüregiňiziň ýagdaýy gerekdir. Men Isanyň yzyna eýeriji bolanymda, Oňa şeýle dileg etdim: «Reb Isa, Sen maňa gerek. Öz günälerim üçin Seniň haçda ölendigiňe men minnetdardyryn. Men öz ýüregimiň gapysyny açýaryn we Seni öz Halasgärim we Rebbim hökmünde kabul edýärin. Günälerimi bagyşlap, baky durmuşy berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Meniň durmuşymy Özüň ugrukdyr. Meni Özüňiň isleýşiň ýaly adam et». — Şeýle dileg siziň duýgularyňyzy beýan edýärmi, Tarik? — Hawa, ser — diýip, Tarik Daliýanyň bakyşy bilen duşuşmajak bolup aýtdy. Ol Daliýanyň näme pikir edýändigini göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Onuň ýeke-täk ynamly bolany — bu şol pursatdan başlap öz gatnaşyklarynyň köki bilen üýtgejekdigidi. Ol Daliýa we onuň maşgalasyna özi hakdaky hakykaty we özüniň nämeden gaçýandygyny gürrüň berer. Şondan soň Daliýa ol hakda asla pikir etmegi islärmikä, ony söýermikä we planlaşdyryşlary ýaly, oňa durmuşa çykarmyka? Özüniň Mesihiň yzyna eýermeklik karary üçin öz söýgüsi bilen tölemeli bolmazmyka? Şeýle bolmagy-da mümkin diýip ol oýlandy. Şeýle bahany tölemäge ol taýynmy? Isa has beýik bahany töledi: Ol Tarige halas bolma bermek üçin öldi. Isa — älemiň Hudaýy. Ol dünýäni, Tarigi we Özüne iman etjek her kesi baky näletden halas etmek üçin gökleri taşlap, ýere geldi. Häzir Isa onuň ýüreginiň gapysynda durup, kakyp dur. Tarik hem karar kabul etmeli, Oňa minnetdarlyk bilen jogap bermeli. Isa bahasyna seretmezden, Öz yzyna Tarigiň düşmegi üçin çagyrýar. Ol muny şeýle-de eder. — Siz şeýle kararyň çynlakaýdygyny bilýärsiňizmi? — diýip, ruhy çopan Nur Tarikden sorady. Ony ýeňilkellelik bilen kabul etmek bolmaz. Hudaý sizi bagyşlar, halas eder, täze, arassa ýürek we täze durmuş berer. Ýöne akýürek bolmaklyk gerek. Özüňiň öňki dini düşünjeleriňi inkär edip, özüňi Mesihiň yzyna eýermeklige bagyşlamaga taýyn bolmaklyk gerek. — Hawa, ser, men muňa düşünýärin. — Siz Isa Mesihiň haçda ölendigine ynanýarsyňyzmy? — Ynanýaryn. — Mukaddes Kitabyň pygamberligine laýyklykda, Onuň üçünji gün diýlende ölülerden direlendigine ynanýarsyňyzmy? — Ynanýaryn. — Isanyň Rebdigini, öz durmuşyňyzyň hojaýynydygyny boýun alýarsyňyzmy? Siz Ony hemişe söýüp, Oňa bütin ýüregiňiz, janyňyz, aklyňyz we bütin güýjüňiz bilen hyzmat etmäge taýynmysyňyz? — Hawa, ser. Men taýyn we maňa Hudaýyň kömegi gerek bolar, meniň özüm Isa ýaraýan durmuş bilen ýaşap bilmerin. Emma eger Ol meni kabul etse, men Onuň yzyna eýermek isleýärin. Tarik muny durmuşyndaky ähli zatdan hem güýçli isleýändigini duýdy. Özüniň haýran galmagyna, ol birden Daliýanyň seslenendigini eşitdi: — Menem Isanyň yzyna eýermek isleýärin, kaka, bu gezek çynlakaý. 53 Daliýa aglady. Ol ýöne aglamaýardy, ol Isa söýgi we minnetdarlyk bilen hyzmat etmegi islemän, öz ykbalynyň hojaýyny bolmaga synanyşyp geçiren bütin ýyllary üçin Hudaýdan we ata-enesinden ötünç sorady. Gözýaşlar ruhy çopan Nur bilen onuň aýalynyň gözlerinde hem bardy. Duýgular Tarigi hem dolduryp daşýardy. Ol öz ata-enesiniň ýogalan gününden bäri özüne aglamaklyga erk bermeýärdi, emma eger şu wagt hemmeler bilelikde dileg edip başlamasalar, özüniň hem olar bilen bile aglajakdygyna düşünýärdi. Dörtleriň hemmesi dyzlaryna çökdüler we ruhy çopan Nur öz ýüregine Isany kabul eden günündäkisi ýaly dileg etdi. Onsoň ol Daliýa bilen Tarigi berk gujaklap, uzak wagtlap gujagyndan goýbermän gysyp durdy. Hemmeler gözýaşlaryny süpürdiler we ruhy çopan indi olaryň hemişelik Hudaýyň maşgalasyna girendiklerini we indi hiç haçan hem öz halas bolmalaryny ýitirmejekdiklerini aýtdy. Ol indi olaryň atlarynyň Durmuş Kitabynda ýazylandygyny tassyklaýan Mukaddes Kitabyň aýatlaryny görkezdi. Bu dünýädäki durmuşlary gutaranynda bolsa, olaryň göklere baryp, bakyýeti Hudaý bilen geçirjekdiklerini aýtdy. — Isa şeýle diýdi: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» (Ýewreýler 13:5). Nädip Isanyň yzyna eýermelidigini öwrenmeli bolarsyňyz. Emma alada etmäň, ýöne ädimme-ädim öňe gidiň. Mukaddes Kitaby okaň. Her gün dilegde Hudaýa ýüzleniň. Özleriňize öwredip bilýän we imanda ösmegiňize kömek edip bilýän has tejribeli we parasatly imanlylar bilen gürrüňdeş boluň. Her bir ýagdaýlarda özüňize: «Meniň deregime Isa näme ederdi?» diýip sorag beriň. Tarik üsgürindi we sorady: — Diýmek, meniň günälerim bagyşlandy we ýatdan çykaryldymy? — Hawa — diýip, ruhy çopan Nur jogap berdi. — Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy» (Mezmur 103:12). — Hudaýyň göz alnynda-da men indi arassamy? — Hawa, oglum. Mukaddes Ýazgynyň wada berşine görä, siz ýuwlan we gardan hem ak edilen. Siziň ýüregiňiz hem galamdan ýeňil. — Ol meniň ähli günälerimiň diňe käbirlerini däl-de, hemmesini bagyşlaýarmy? — Hawa, Tarik — diýip, ruhy çopan tassyklady. — «Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar» (1 Ýahýa 1:9). Eger Hudaý bir zady wada berýän bolsa, onda Ol Öz wadasynda durýandyr. — Neneň oňat — diýip, Tarik ýeňillik bilen aýtdy we gürrüňiň dowam etdirilmegine umyt etdi. — Men size bir zady gürrüň bermelidirin. Öz günäsini Hudaýyň alnynda boýun alyp, ol özüne şeýle söýgini aýan eden maşgalanyň alnynda-da baryny boýun almalydygyna düşünýärdi. Emma ol muny nädip etmeli? Öz adynyň Tarik Jamil däldigini, kompýuterler boýunça maslahatçy däldigini, özüni ençeme ýurtlaryň polisiýasynyň agtarýandygyny nädip aýtmaly? Özüniň Daliýany söýýändigini, oňa öýlenip, galan ömrüni onuň bilen geçirmek, ony bagtly etmek isleýändigini nädip aýtmaly? Olar oňa gaharlansalar gerek. Özüniň kän ýalany aýdany bilen, ýalançy däl-de, diňe diri galyp, Daliýany goramak isländigine olaryň düşünjekdiklerine bil baglap bolarmy? Muňa bil baglap bolmaýan bolsa gerek, emma baryny gürrüň bermek hökman. Ol Isanyň etmedik işleri üçin ejir çekendigi hakynda oýlanyp, özünde saýlawyň ýokdugyna düşündi. — Näme, Tarik? — diýip, Daliýa onuň ýüzünde tolgunmany görüp aýtdy. — Nämeden başlajagymy bilmeýärin — diýip, ol jogap berdi. — Bary oňat, biz seniň dostlaryň. — Men bilýärin. Hut şunuň üçin maňa baryny gürrüň bermek kyn. — Näme üçin? — Siz meni ýigrenersiňiz. — Beýle diýmesene! — Men şeýle bir iş etdim welin, hatda ol hakda gürrüň bermek maňa ýakymsyz. — Biziň hemmämiz hem şeýle etdik, Tarik — diýip, ruhy çopan Nur aýtdy. — Emma meniň ýaňyja aýdyşym ýaly, bularyň bary indi yzda galdy. — Men Tarik däl. Men Marwan Akkad. Men size giden taryhy gürrüň bermeli we onuň näme bilen gutarjakdygyny men bilmeýärin… Emma ol sözüni gutarmanka, jülgede ok sesi eşidildi we Marwan Akkad agyrydan iki bükülip, soň aşak ýykyldy. Daliýa gygyrdy. Ruhy çopan Nur okuň nireden atylandygyny görmek üçin yzyna öwrüldi we göwresi bilen aýalyny we gyzyny penalamaga synanyşdy. Ýene bir ok sesi eşidildi. Bu gezek ok daş oturgyja degdi. Galyndylar bilen tozan uçup gitdi. — Gizleniň! — diýip, Marwan gygyrdy. — Sütünleriň arkasyna! Ýygnap bilen bar güýji bilen ol Daliýany gujaklap, aşak, bir wagtlar sahna bilen orkestriň duran ýerine çekdi. Ruhy çopan Nur bilen onuň aýaly hem şu ýerdedi. Oklaryň olara degmändigi täsinlikdi, emma olar gaty ýakyn atylypdy. Marwan özüniň iň erbet umytlarynyň aklanandygyna düşündi. Indi howp astynda diňe bir onuň öz durmuşy däl, ol bu täsin maşgalany hem howp astyna saldy. Şu wagt olary daşlar penalaýardy. Hanym Nur aglaýardy, äri bolsa ony gujaklaýardy. Daliýa gygyrmagyny bes etdi, emma gorkudan titreýärdi. Marwan ony köşeşdirmek isleýärdi, emma ol okuň nireden atylýandygyny bilmek üçin seretmelidi. Ol seresaplyk bilen süýşdi, emma Daliýa onuň elinden berk ýapyşdy. — Sen nirä? Gitme! — Men gitmeýärin, men olaryň näçe adamdyklaryny görmelidirin — diýip, ol aýtdy. — Olar birnäçemi? — Hawa, şeýle bolsa gerek. — Olar kimler? — Bu gaty uzyn taryh — diýip, ol daşlaryň arasyndan seredip aýtdy. — Emma olara siz gerek däl. Olara men gerek. — Näme üçin, Tarik? Sen näme etdiň? — Meniň adym Marwan, Daliýa, — Marwan Akkad. Ant içýärin, men hiç bir ýamanlyk etmedim. Meni urgy astynda goýdular… Ok gaty ýakyna degdi. Daliýa gygyrdy we Marwan ony öz göwresi bilen penalady. Ol bu ýerde galmaly däl. Ol Nurlary galdyryp, Lemýe bilen Goddary özi üçin gadyrly bolan adamlardan daşraga äkitmeli. Emma ol zordan ädimläp bilýär. Ol çep aýagynda gaty güýçli agyryny duýýardy. Jinsisiniň aşagy gana boýalypdy. Ol Daliýanyň öz ýarasyna seredýändigini we huşuny ýitirmäge taýyndygyny gördi. — Gorkma — diýip, ol ony gujaklady. — Bary oňat bolar. Gulak as. Sen meni eşidýärsiňmi? Daliýanyň ýüzi edil hek kimin agarypdy. Ol şok ýagdaýyndady. 54 — Daliýa, sen meni eşidýärsiňmi? — diýip, ol jübüsinden el ýaglygyny çykardy-da, aýagyny daňyp aýtdy. Tarik Daliýanyň gorkudan doly gözlerine seretdi. Ahyrsoňy, ol ýaradan gözlerini aýryp, Tarige seretdi-de, başyny atdy. — Bolýar, maňa ünsli gulak goý — diýip, Tarik çalt aýtdy. — Olar meniň yzymdan geldiler, sen we seniň ata-eneň olary gyzyklandyrmaýar. Emma eger-de sen meni goramak üçin bir zatlar edäýseň, seni-de öldürerler. Olar ganhorlar. Olar aýallary we çagalary öldürdiler we ganly yz olaryň yzy bilen Monte-Karlodan Kasablanka çenli uzalyp gelýär. Men olaryň niýetlerini açdym we olara päsgel bermäge synanyşdym. Indi bolsa olar meni öldürmek üçin şu ýerde. Sen meni diňleýärsiňmi? Gorkudan sandyrap, Daliýa ýene-de başyny atdy. — Galanlaryny men saňa soň gürrüň bererin, şu wagt bolsa men gaçmalydyryn. Olary sizden daşlaşdyrmak gerek ýa-da… — Ýok — diýip, Daliýa onuň elinden has-da berk ýapyşdy. — Biz kakam bilen… Onuň sesini awtomatdan atylan oklaryň sesi kesdi. Gürrüňler üçin wagt ýokdy. Şu wagt ýa-da hiç haçan. Daliýany özüne çekip, Marwan berk ogşady we täze ok sesleri bilen Daliýa we onuň ejesiniň gykylyklaryny eşitdirip, çykalga boýunça çepe galdy. Ol Nurlary goramaklyk hakynda gysga dileg etdi we öwrüm-öwrüm edip, daş basgançaklar boýunça ylgap gitdi. Ol teatryň üstündäki gaýada oýlup ýasalan bir kiçiräk mazaryň içine girip gitdi. Birnäçe tarapdan gelýän oklar boýunça Marwan atyjylaryň azyndan dörtdügini anyklady, emma olar dörtden hem kän bolup bilýändir we olara goldaw hem gelmegi mümkin. Mazaryň içi garaňkydy we ol beýiklikde ýerleşýärdi, bu bolsa hereketiň meýdançasyna syn etmäge mümkinçilik berýärdi. Ol Nurlaryň çykalga boýunça saga hereket edýändiklerini gördi we tizara olar howpsuzlykda bolarlar diýip umyt edýärdi. Özünden soň olary hem öldürip biljekdiklerine Marwan oňat düşünýärdi. Hut şeýdip Lemýe bilen Goddar şaýatlary ýok etmeklik maksatlary bilen Raniýa bilen onuň jorasyny öldüripdiler. Şu pursatda ol teatra tarap elleri awtomatly birnäçe adamlaryň ylgap gelýändiklerini gördi. Birnäçe gezek ok atyp, olar Marwany ýerinde galmagyna mejbur etdiler. Olar gaty çalt ýakynlaşyp gelýärdiler. Marwan çykalga agtaryp, töweregine göz aýlady. Çepe ýol ýapykdy. Emma sag tarapynda ol yşygyň düşüp duran uly bolmadyk şahtany gördi. Aýagy has-da agyrýardy, emma ol yşyga tarap süýşdi we beýleki gowaklar bilen mazarlara alyp barýan dar ýodajyga bolan çykalgany gördi. Ýakynlap gelýän aýak seslerini eşidip, ol mümkin boldugyndan çaltlyk we ýuwaşlyk bilen ýodajyk boýunça öňe süýşýärdi. Birje nädogry hereket we ol 20 metrlik ýokarlykdan aşakdaky daşlaryň üstüne gaçar. Iki müň ýylyň içinde çägeli şemallar ýodajygyň üstüni bütinleý ýylmanak edipdir. Marwan indiki gowaga baryp ýetdi we demini alyp, biraz rahatlanmak üçin aşak oturdy. Onuň garaňky gowakda oturandygy oňatdy, çünki ol özüne tarap gelýänleri aňsatlyk bilen görüp bilýärdi. Ol aşakda näme bolýandygyny görýärdi we garşy tarapdaky gowagyň ýanynda berk ornaşan üç sany ýaragly adamyň durandygyny gördi. Özüniň ýene näçe wagtlap ýöräp biljekdigini bilmeýändigi erbetdi. — Marwan Akkad, siz gabawa alyndyňyz! — diýip, gadymy şäherde ýaňlanyp giden ses eşidildi. — Siz adam öldürmekde günäkärlenýärsiňiz! Elleriňizi galdyryp çykyň we size zyýan ýetirilmez! Ol bu sesi tanady. Bu Lemýe. Monte-Karlodaky ganhorlukdan soň fransuz polisiýasynyň ady belli inspektory dürli kanallarda ençeme gezek interwýu beripdi we onuň ýüregedüşgünç we gopbamsy sesi Marwanyň ýadynda berk galypdy. Ol özüniň Lemýä ele düşmekligine ýol bermez. Şeýle etmeklik anyk ölümi aňladýardy, Marwan munuň şeýledigine hiç-de şübhelenmeýärdi. Garaňkyda oturyp, ol jübüsinden telefony gözläp başlady. Belki-de, ol Rami doganyna jaň edip biler. Dogany şu wagt oňa kömek edip bilmese gerek, emma hiç bolmanda şu pursatda näme bolup geçýändigini oňa gürrüň berip bilerdi. Emma telefon ýokdy we Marwan ony Nurlaryň jaýyndaky öz çemodanynda galdyrandygyny ýadyna saldy. Nädip beýle tentek bolup bolýar? — diýip, ol özüne sögdi. Telefonyň deregine ol marihuanaly birnäçe çilim we kükürt tapdy. Ol kellesini ýaýkady, olara seretmegiň özi onda ýigrenç döredýärdi. Ol öz durmuşyny Isanyň şeýle üýtgedip biljekdigini göz öňüne getirip bilipmidi? Ol muňa düşündiriş tapyp bilmeýär, emma häzir munuň manysy ýok diýip oýlandy. Tizara ol Isany ýüzbe-ýüz görer we baryny Ondan sorar. Marwan çilimleri taşlady-da, kükürdi ýakyp, seresaplyk bilen gowagyň içine tarap hereket etmäge başlady. Ol pepsi-kolanyň boş çüýşesini we süýjüleriň kagyzlaryny gördi. Çagalar bu gowagy öz oýunlary üçin ulanan bolsalar gerek. Kükürt söndi-de, onuň barmagyny çalaja köýdürdi. — Marwan Akkad, bu iň soňky duýduryş! — diýip, Lemýe ýene-de gygyrdy. Emma bu gezek onuň sesi has ýakynda eşidildi. Fransuz bireýýäm teatrda, aşakda däl-de, mazarlaryň birindedi. — Haýal etmän çykyň, bolmasa öldürilersiňiz. Sizde çykalga ýok. Men size on sekunt berýärin. Marwan haýbata üns bermedi. — On… dokuz… sekiz… Marwan ýene bir kükürdi ýakyp, gowagy barlamagyny dowam etdirdi. — Ýedi… alty… Lemýe mamla. Çykalga ýok. Wagt hem ýok. — Bäş… dört… Marwan kükürdi söndürdi-de, birden peýda bolan agyrydan dişlerini gyjadyp, gowagyň girelgesiniň alnyndaky uly daşyň öňünde oturdy. Ol bolmaly zatlar hakynda boş hyýallara berilmeýärdi. Emma ol söweşsiz ele düşmejekdigini çözdi. 55 — Üç… iki… bir. Onda näme, Marwan Akkad, sizde mümkinçilik bardy… Lemýäniň iki adamlary awtomatlardan atyp, gowaga kürsäp girdiler. Gowak tüsseden doldy, onuň yzky diwaryny bolsa oklar deşik-deşik etdi. Marwan soňuna garaşyp, ýere ýüzin ýatdy. Emma soňy gelmedi. — Ol nirede? — diýip, hüjüm edenleriň biri täze ok gutusyny ornaşdyryp sorady. — Bilmeýärin — diýip, öz awtomatyndan ok gutusyny aýryp, beýlekisi jogap berdi. Marwanda mümkinçilik peýda boldy we ol ony ulandy. Haçanda birinji daşyň gapdalyndan geçip barýarka, Marwan onuň aýagyndan ýapyşdy we birden çekdi. Deňagramlylygyny ýitirip, ol ýykyldy. Onuň özüne gelerine wagt bermän, Marwan onuň AK-47-sini eline aldy we ýykylanyň ýüzüne urgy ýetirdi. Gapdalyna aýlanyp, ol ikinjisine tarap ok atdy we onuň ok gutusyny çalyşmagyna mümkinçilik bermedi. Birnäçe sekundyň içinde ol ýarag bilen hüjümi öz eline aldy. Ol gapdalynda ýatan adamyň pulsuny barlap gördi. Onuň ýüzi we kellesi gandy. Marwanyň garaňkyda anyklap bilşi boýunça, onuň burny döwlüpdi we beýni sarsypdy, emma ol dem alýardy, entek ýaşar. Marwan ikinjä tarap süýşdi. Ol agyrydan iki bükülipdi. Düýn Marwan ony ýöne öldürerdi. Häzir bolsa bu baradaky pikiriň özi onda ýigrenç döretdi. Eger başarsady, Marwan oňa medisina kömegini ederdi. Ol ýaralanynyň sesini çykarmazlygy hakynda duýduryş berdi. Duýduryş täsir etdi. Indi näme? — diýip, Marwan öz içinden oýlandy. Ýene üçüsi ýa-da dördüsi bar, olaryň içinde Lemýe hem bar. — Näme o taýda? — diýip, Lemýe gygyrdy. — Ol ölümi? — Ýok! — diýip, Marwan jogap deregine gygyrdy. Oýlanyp durman, ol awtomaty boýnuna asdy, başardygyndan çaltlyk bilen gowakdan çykdy we jülgäniň diwarlarynyň gapdalyndan ýokary alyp barýan basgançaklara geçdi. Ok atyşlyk başlandy. Ýüregi kükreginden atylyp çykjak bolýardy we onuň her bir urgusy kellesinde ýaňlanýardy. Çep aýagynyň dyzynyň töwereklerinde ok bardy we edil ot ýaly ýakyp barýardy. Emma ol öz ýumşuny anyk bilýärdi. Ol Lemýe bilen onuň garakçylar toparyny Daliýa bilen onuň maşgalasyndan mümkin boldugyndan daşraga äkitmeli. Munuň bahasynyň näçe bolýandygyna seretmezden, ol muny hökman eder. Marwan kä saga, kä çepe towsup, basgançaklar boýunça ýokary galýardy. Ok atyşlyk bes etmeýärdi. Haçanda ol ýokary ýeteninde, sag egninde güýçli agyryny duýdy. Urgy şeýle bir güýçlüdi welin, ol hatda aýak üstünde durup bilmedi. Ol ýüzin ýykyldy we bar güýji ony taşlady. Demini aljak bolup, agyrydan ýüzüni çytyp, Marwan ýarasyny elledi. Çep eli dessine gana boýaldy. Ol uzakda bolmadyk daşlaryň toplumyna ýetmäge synanyşyp, bukalga tarap süýşdi. Emma ol özüniň yzyndan ýetýändiklerini eşitdi. Soňky pursatda ol yzyna öwrülip bildi we awtomatyny elinden gaçyryp barşyna, üç gezek atyp ýetişdi we yzyndan kowalaýanlaryň ikisini öldürdi. Biri yza ýykyldy we onuň ýokardan aşak gaçandygyny Marwan eşitdi. Ikinjisi göni Marwanyň öňünde ýykyldy. Ol sesini çykarman, hereketsiz ýatyrdy. Marwan ýüreginiň bulanandygyny duýdy. Ol hiç kimi-de öldürmek islemeýärdi. Ol hiç kime-de zyýan ýetirjek däldi. Emma bu öz-özüňi goramaklyk ahyryn! Adam özüni ganhordan goramaly ahyryn! Tizara bu ýerde galanlary hem bolar. Bar güýjüni ýygnap, ol daşlara çenli süýşüp bardy we olaryň arkasynda gizlendi. Ol hatda daşda eşidilýän sirena seslerini hem eşitdi. Emma sesler gatylaşmaýardy. Olar ýuwaş-ýuwaşdan peselýärdi. Gabaklary has-da agyrlaşýardy. Gözüniň alnyndaky surat ýaýrap gitdi. Ol şok ýagdaýyna ýakyndy, emma munuň bilen hiç zat edip bilmedi. Birden garaňkylyk düşdi. Ol özüni ýitirdi. Munuň näçe wagtlap dowam edendigini ol bilmedi. Ine-de, ol ýene özüne geldi we gözlerini açdy. Ol ýene-de taýyn bolup durdy. Şol pursat ol doňup galdy, özünden üç metrden hem ýakyn aralykda Lemýe durdy we onuň elinde Marwanyň kellesine gönükdirilen ujundaky sesbasgyçly sapança bardy. Oýlanyp durman, Marwan awtomatyň goýberijisini basdy. Emma hiç zat bolmady. Ol ýene-de basdy we ýene-de hiç zat bolmady. Awtomat ýa-da işlemeýärdi, ýa-da onuň ok gutusy boşdy. Emma, nähili bolsa-da, onuň soňy geldi. Aýagy bilen egninden gan akmagy dowam edýärdi. Ol demini zordan alýardy we tas özüni ýitiripdi. Ol bütinleý güýçsüz, onuň öňünde özüni öldürmek isleýän adam durdy. — Biziň alnymyzda ady belli Marwan Akkad — diýip, Lemýe aýtdy. Marwan hiç zat jogap bermedi we Lemýe sözüni dowam etdirdi. — Belki-de, kelläňize gelenini etmeziňiz ýaly, siz awtomaty ýerde goýarsyňyz? Marwan boýun boldy. — Ine-de, oňat, indi biz gürleşip bileris — diýip, Lemýe aýtdy. — Gürleşip? Siz gürleşmek isleýärsiňizmi? — diýip, Marwan haýran galdy. — Bolýar. Näme üçin siz beýle etdiňiz, inspektor? Näme üçin siz Rafik Remzini, onuň ýeke-täk gyzyny we ýoluňyzda duranlaryň baryny öldürmek üçin Kolett bilen birleşdiňiz? Eýsem, siz jenaýatçylar bilen hyzmatdaşlyk etmän, olary tutmaklyk hakynda kasam etmändiňizmi? — Siziňki ýalynyň öňünde men hasap berip duraryn, jenap Akkad — diýip, Lemýe güldi. — Özümi şunuň ýaly görgülerden geçmäge mejbur etdireniňizden soň, özümi öldürmeziňizden ozal men hakykaty bilmäge haklydyryn — diýip, Marwan garşy çykdy. Lemýe ýigrenç bilen seretdi. — Men sizi mejbur etdimmi? — diýip, ol sorady. — Siz degişýärsiňiz! Siz samsyk hereket etdiňiz, Marwan Akkad, meniň ýolumda durmaly däldiňiz. Mende täsin plan we täsin penam bardy. Jenaýaty barlaýan sülçini kim jenaýatda günäkärlesin? Hiç kim. Emma siz ara goşulaýmalydyňyz! — Sizi tutarlar, Lemýe — diýip, Marwan oňa aýtdy. — Göreris — diýip, Lemýe jogap berdi. Haçanda ol şeýle diýeninde, onuň ýene iki adamy ýokary galyp, ýaraglaryny Marwana gönükdirdiler. 56 — Maňa mälim bolanlaryň bary doganyma-da mälimdir — diýip, Marwan aýtdy. — Şu wagt, biz gürleşip durkak, onuň adamlary Braziliýadadyrlar we Klodett Remzini agtarýarlar. Olar ony tapanlarynda, siziň ahyryňyz geler. — Siziň doganyňyz türmede — diýip, Lemýe aýtdy. — Klodett bolsa gaty oňat gizlenen. Iş ýüzünde, jenap Akkad, siziň ahyryňyz geldi. — Men beýle pikir etmeýärin… — Bes! Boldy! Men sizi ýeterli diňledim, Marwan Akkad. Häzir bolsa ýüzin ýatyp, eliňizi arka geçiriň! — Ýok — diýip, Marwan aýtdy. — Ýerine ýetiriň! — diýip, Lemýe buýruk berdi. — Şeýdip, siz meniň ýeňsämden atjaksyňyzmy? Ýok, inspektor. Gazaba münen Lemýe öz adamlarynyň birine ümläp goýberdi. Ol Marwanyň gapdalyna we kellesine birnäçe gezek depip, ýüzüni ýokary etdi. Marwan agyrydan iňledi. Ol zordan demini alýardy. Ol dileg etmek isledi. Ol munuň ahyrydygyny bilýärdi, emma ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Lemýe oňa ýakynlaşdy we öňünde göni durup, sapançany onuň ýeňsesine gönükdirdi. — Hoş galyň, Marwan Akkad — diýip, ol aýtdy. — Dowzahdaky duşuşygymyza çenli. Marwan kellesini aýlady. Ol Lemýäniň sapançanyň gulagyny gysyp goýberjekdigini gördi. Emma şu pursatda ol ses eşitdi we şemalyň güýjemesi tozany galdyrdy. Hemmeler kellelerini galdyrdylar, gaýanyň üstünde dikuçar durdy we onuň içinde inspektor Goddar bilen Rami Akkad bardy. — Ýaragyňyzy goýberiň, inspektor Lemýe! — diýip, Goddar sesi gataldyjy arkaly aýtdy. — Hemmäňiz ýaragyňyzy goýberiň! Maňa bary mälim, inspektor. Meniň adamlarym San-Paulada Klodett Remzini tutdular we ol baryny boýun aldy. Haýýarlyk etmeklikdäki we adam öldürmeklikdäki siziň roluňyz bize mälim we biz siziň Marwan Akkady hem urgy astynda goýmak isländigiňizi bilýäris. Ballistiki barlagyň netijeleri Kasablankada Raniýa Fawaz bilen onuň jorasyny siziň öldürendigiňizi görkezdi. Bary gutardy, inspektor. Ýaragyňyzy goýberiň we hiç kim hem ejir çekmez. Lemýäniň adamlary ýaraglaryny ýere taşladylar we ellerini galdyrdylar. Emma Lemýe boýun bolmady. Ol gözlerini tozandan gorajak boldy, haçanda Goddar onuň haýal etmän ýaragyny taşlamagyny buýranynda, ol dikuçara tarap ot açdy. Uçarman çepe, soň saga burup, oklardan gaçmak üçin ýokary galdy. Emma ok gutusynda oklar gutarýança, Lemýe atmagyny dowam etdirdi. Oklaryň biri dikuçaryň maňlaý aýnasyna degdi we ol ýokarlygy ýitirip başlady. Uçarman maşyny dogurlap bildi we dikuçar ýene-de ýokary galdy. Lemýe sapançasyna täze ok gutyny ýerleşdirmäge başlady. Marwanda ýene-de mümkinçilik peýda boldy. Ol özüniň agyrysy hakynda ýadyndan çykardy. Ol Daliýa hakda, onuň maşgalasy hakda, özüni halas etmäge gelen dogany hakda pikirlendi. Ýerinden böküp turup, Marwan Lemýeniň üstüne topuldy. Sapança onuň elinden gaçyp, daşlara uruldy-da, gaýadan aşak okduryldy. Marwan Lemýäniň garnyna we ýüzüne urýardy, emma Lemýe güýjüni toplap, onuň dyzyna depdi. Agyrydan gygyryp, Marwan ýere ýykyldy. Şol pursat Lemýe onuň üstünde ýatyp, onuň damagyndan berk ýapyşdy we bogup başlady. Marwan her sekuntda özüni janynyň taşlaýandygyny duýdy. Lemýäniň adamlarynyň biri sapança tarap elini uzatdy, emma üç gezek atylan ok sesleri eşidildi we ol ýere ýüzin ýykyldy. Atylan ok seslerine haýran galyp, kimiň atandygyny bilmek üçin Lemýe yzyna seretdi. Marwan hem seretdi. Dikuçarda durup, Goddar atýardy we indi ol özüniň bäşataryny göni Lemýäniň kellesine çenäp durdy. Lemýäniň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, Marwan sagdyn aýagy bilen fransuzyň gasygyna depdi we onuň elinden boşady. Ýagdaý üýtgedi. Marwan Lemýäni ýere ýüzin ýatyrdy-da, Liwanda harby mekdepde öwredilişi ýaly edip, dyzy bilen onuň arkasyndan basdy. Lemýe hereketsizdi we gymyldap hem bilmeýärdi. Indi ol Marwanyň elindedi we bu eller onuň boýnuny gysýardy. Marwan elini boşatmady. Lemýe uludan dem almaga synanyşdy, emma başarmady. Onuň ýüzi gyzardy, onsoň gögerdi, emma Marwan ony goýbermeýärdi. — Marwan, gerek däl, haýyş edýärin! Ol aňk-taňk bolupdy. Bu Daliýady. Ol haýallyk bilen onuň ýanyna gelýärdi, gözleri bolsa gözýaşlardan doludy. — Marwan, haýyş edýärin, bu nädogry — diýip, ol aýtdy. Dikuçar gondy. Rami birinji bolup böküp düşdi we olaryň ýanlaryna geldi. Biraz wagtdan soň ruhy çopan Nur bilen hanym Nur hem geldiler. Goddar şol pursat Lemýäniň eline gol zynjyryny dakyp, dikuçara mündirdi. Indi ol Marwanyň ýanyna geldi. — Men sizi ynandyryp bilerin, jenap Akkad, bu adam galan ömrüni türmede oturyp geçirer — diýip, Goddar aýtdy. — Diňe bir munuň üçin däl, eýsem özüniň eden ähli jenaýatlary üçin. Men muňa ýeterin, size söz berýärin. Marwanyň ýüregi kükreginden atylyp çykjak bolýardy. Onuň elleri entegem Lemýäniň boýnuny gysýardy we ol huşuny ýitirip barýardy. Marwan öz doganyna, Nurlara, onsoňam Daliýanyň gözlerine seretdi. Ol sesini çykarman durdy, emma gözleri onuň dogry hereket etmegi hakynda haýyş edýärdi. Ol hut şeýle-de etdi. Ol ellerini boşatdy, ýerinden turup, Lemýäni Goddara tabşyrdy. Daliýa hem Marwanyň gujagyna özüni atdy. Ol entek kän zatlary öwrenmeli, kän zatlary taşlamaly. Daliýa, onuň ata-enesine we Rami doganyna kän zatlary gürrüň bermeli, olarda gürrüň berer ýaly zatlary kän. Iň esasy zat, Marwan ruhy çopan Nuruň mamladygyna düşündi. Indi ol täze adam, ol täze durmuşa başlady we ol ýöne ädimme-ädim öňe gider. Ol elhenç ganhorlugyň şaýady boldy. Indi bolsa, ol beýik söýginiň, öz Halasgäriniň we Rebbi Isa Mesihiň şaýady. Marwan Akkad özüne geljekde nämäniň garaşýandygyny bilmeýär. Ol nädip bolmalysy ýaly Isanyň yzyna eýermelidigini we Daliýany özüniň mynasyp bolşy ýaly nädip söýmelidigini bilmeýär. Emma bir zady ol anyk bilýär: ol muny hut şu wagt etmäge başlar.