Stormy Omartiýan ATA-ENÄNIŇ DILEGINIŇ GÜÝJI SÖZBAŞY Meniň ejem — dünýädäki iň ajaýyp ejedir. Ol meni mydama goldap, ähli zatda maňa kömek etmäge synanyşýandyr. Onuň dilegleri we söýgüsi üçin men ondan gaty minnetdardyryn. Ol meniň üçin her gün dileg edýär we bu meniň üçin hem okuwymda, hem-de durmuşymda uly goldaw bolup hyzmat edýär. Onuň dilegleri köp zatda özgermekligime kömek etdi we diňe onuň dileglerine görä, men şu dünýäde ýaşaýan bolsam gerek. Bir gezek ejemiň dilegleri täsinlik döretdi — meniň durmuşymda hiç haçan hem amala aşmaz diýen bir wakam bolup geçdi. Meniň bilen bir synpda bir gyzjagaz okaýardy we ol gaty zalym we erbet gyzjagazdy. Men ondan gorkýardym we mümkin boldugyndan ondan daş durýardym. Men ol gyzjagaz hakynda ejeme gürrüň berenimde, ejem ol hakynda bilelikde dileg etmekligimizi teklip etdi. Bu pikir maňa ýarady we ol gyzjagaz hakynda her gün dileg edip, bütin tomusda hem bu işimizi dowam etdirdim. Indiki okuw ýylynda täsinlik boldy: bu gyzjagaz bütinleý üýtgedi we meniň iň oňat joralarymyň biri boldy. Bu waka meniň bütin durmuşyma güýçli täsir etdi, çünki şunuň ýaly zat meniň bilen şu wagta çenli bolup geçmändi. Ejemiň dilegleri öz işini ýerine ýetirýändir. Dogrusyny aýtsam, hemişe hut şeýle bolmaýar, emma biz dileglerimize dessine jogap almanymyzda-da, barybir ol dilegler bize goldaw berýärler. Men Hudaýa we öz ejeme minnetdardyryn. Sag bol, eje. Amanda Omartiýan (13 ýaş) Meniň söýgüli we alada ediji ata-enemiň dilegleriniň özümi hakykatdan hem goraýandyklaryny men boýun almalydyryn. Meniň kakam we ejem ähli zada düşünýärler, emma käwagtlar olar gaty gülkünç bolýarlar. Ata-enemiň özleriniň eýe bolan ähli häsiýetlerinden men olaryň dilegde özüm we jigim üçin erjellik etmeklerini ählisinden hem ýokary tutýandyryn. Eger olaryň dilegleriniň öz durmuşymda oýnan rollary hakynda gürrüň bermekçi bolsam, onda men ejemiň ýazýan kitabyndan hem uly kitap ýazardym diýip pikir edýärin. Şonuň üçin hem men ata-enemiň dilegleriniň güýjüni doly duýan wakalarymyň diňe birini ýatlaryn. Meniň on sekiz ýaşymyň ählisinde ata-enem özümiň howpsuzlygym hakynda dyngysyz dileg edip geldiler. Özleriniň aýdyşlaryna görä «parahat» şäher bolan Los-Anjelesde ulalandygym üçin, olaryň dilegleri meniň üçin galkan bolup hyzmat etdi. Meniň mekdep ýyllarymda bolup geçen bir waka gaty berk ýadymda galdy. Şonda Hudaý çynlakaý ýol heläkçiliginde meni gorady. Bir gün irden men we meniň iki synpdaşlarym maşynda mekdebe barýardyk we howpsuzlyk kemerlerini hem dakynman barýardyk. Çatrykda biziň maşynymyz beýleki maşyn bilen maňlaýma-maňlaý çaknyşdy. Meniň dostlarymyň biri gaty ýaralandy, ol batly urgy netijesinde maşynyň aýnasyndan atylyp çykypdyr, beýleki oglan bolsa maňlaýy bilen maşyna berk urlupdyr. Men bolsa maşynyň yzky oturgyjynda otyrdym we arkamyň aşak tarapyndaky bary-ýogy kiçiräk ýaralar bilen oňdum. Biziň barymyz hem ölüp bilerdik, emma Hudaý bizi Öz ganatlarynyň aşagynda gizläp, bize rehim etdi. Hut şonda men ata-enäniň dilegleriniň wajyplygyna göz ýetirdim we bize howp abananynda Hudaýyň öz durmuşymyza aralaşyp, bizi halas edýändigini anyk gördüm. Men ata-enemiň öz durmuşym üçin erjellik bilen edýän dilegleri üçin çäksiz minnetdardyryn. Bu dilegler meni ýöne bir howpdan goraman, eýsem özümi dogrulygyň we mukaddesligiň ýolunda saklady. Şu gün men on sekiz ýaşymdakam, ata-enemiň dileglerine görä öz durmuşymda hökman bir oňat waka bolar diýip umyt edýärin. Özümiň çaltrak öýlenip, şu ýerden göçmekligim hakynda olaryň dileg edýändiklerine men aň ýetirýärin. Şonda olar ýeňillik bilen dem alsalar gerek. Kristofer Omartiýan (18 ýaş) Tur, gije nobatlar başynda gygyr, ýüregiňi Rebbiň huzuryna suw kimin dök; her köçäniň başynda… çagalaryň jany üçin Oňa eliňi ser. (Ýeremeýanyň agysy 2:19) MINNETDARLYK Meniň aýratyn minnetdarlyklarym: • Gyzym Amanda we oglum Kristofere. Olaryň meniň öz durmuşymy şatlykdan dolduryp, dileg üçin şeýle kän sebäpleri döredendikleri üçin. • Ärim Maýkla. Soňky ýigrimi ýyllaryň içinde çagalarymyz üçin özüm bilen bilelikde çäksiz sagatlary dilegde geçirendigi üçin. • Kätibim Sýuzan Martinese. Onuň başarjaňlygy, işimde eden bahasyz kömegi, goldawlary, tesellileri, ruhlandyrmalary, özüm üçin onuň dogan we dost bolandygy üçin. • Dostum we kärdeşim bolan Deýwid Hazarda (edil dileg edýän ata hökmünde). Bu kitaby döretmäge beren goldawlary üçin. • Redaktorym we Hudaýdaky mähriban doganym bolan Eýlin Meýsona. Onuň bu kitaba bolan çuňňur düşünjesi, onuň kömege mätäç bolan ähli ata-enelere söýgüsi we aladasy, öz hazynalaryny hemmeler bilen paýlaşyp bilmeklige taýyn bolan sadyk ýüregi üçin. • Başarjaň redaktorlarym bolan Betti Fletçer we Judit Markheme. Biziň umumy işimize olaryň goşan gymmatbaha goşantlary üçin. • «Harwest Haus» çaphanasynyň işgärleri bolan Bob Hokins-ula, Bob Hokins-kiçä, Bill Jensene, Juli Makkinnä we Lareý Ueýkerte. Olaryň öz başarjaňlyklaryny Hudaýyň şöhraty üçin ulanandyklary, özlerini oňat işe bagyşlap, edil maňa bolşy ýaly, beýleki ýazarlar-da beren umytlary üçin. • Meniň dileg-dostlarym bolan Sýuzan Martinese, Roza Tompsona we Ýan Uilliýamsona. Ençeme sagatlap edilen dilegleri sebäpli şu kitabyň öz çagalaryma we özüme getiren patalary üçin. • Meniň dileg ediji özümden daşda ýaşaýan doganlarym bolan Debra Goldstouna, Pamela Harta we Liza Uelçel Kobla. Tennesi ştatyna göçenimden soň hem meni ýatlaryndan çykarmandyklary we olaryň şu kitabyň döremegine eden ähli goldawdyr kömekleri üçin. • Özümiň ruhy atam bolan çopan Jeýk Heýforda. Özüme onuň dileg etmegi öwredeni üçin. • Çopan Deýl Ewriste we onuň aýaly Joana. Hakyky hazynalary diňe Hudaýda tapyp boljakdygyny mydama özüme ýatladanlary üçin. • Meniň kabul edilen oglum bolan Jon Deýwid Kendrike. Özüni ejesiniň bu dünýäni taşlanyndan bäri, meni ýerdäki eje hökmünde kabul edenligi üçin. • Meniň ykdysadyýetçim Telma Pen Lopese. Onuň on ýedi ýylyň içindäki wepaly hyzmaty we enäniň ýüregi üçin hiç hili böwetleriň ýokdugyny özüniň bütin durmuşy bilen subut edenligi üçin. 1-NJI BAP ÖZ ÇAGALARYŇ ÜÇIN DILEG ETMEKLIGE NÄDIP ÖWRENMELI Bu dünýädäki iň beýik işleriň biridir, iň bir kyn we iň jogapkärli işleriň biridir. Ol uly şatlyk bermäge we güýçli agyry ýetirmäge ukyplydyr. Şundan başga hiç zat hem şunuň ýaly ýüregiňi baýadýan däldir, şundan başga hiç zat hem şunuň ýaly ajy lapykeçligiň çeşmesi bolup bilýän däldir. Eger bary oňat bolýan bolsa, onda adamzat durmuşynyň hiç bir tarapy hem şunuň ýaly şatlygy we buýsanjy başdan geçirmäge mümkinçilik berýän däldir, eger-de bary üstünliksiz bolýan bolsa, onda olaryň hiç biri hem şunuň ýaly gaýgylary getirip bilýän däldir. Çagalary terbiýelemek! «Terbiýelemek» sözüniň özi adamlarda dürli duýgulary döredýändir. Biz bar güýjümizi çagalarymyzy terbiýelemäge berýändiris. Bireýýäm üstünlige eýe bolduk diýen mahalymyzda, çagalarymyzyň durmuşyndaky täze tapgyr bize ýene-de täze aladalary getirýändir. Biziň bu möwç urýan deňiz boýunça ýüzmegimiz käwagtlar diýseň ýuwaş geçýär, käwagtlar bolsa tersine, bizi tolkunlar alyp, kellämize çenli gark edip başlaýarlar. Käwagtlar biz lapykeçlige düşýändiris we şonda ýeňilendigimizi boýun almaga taýyn bolýandyrys: goý, näme bolsa, şol bolsun — goý, tolkun meni ýuwdaýsyn. Ýöne men sizi ruhlandyrmak isleýärin. Biz heläkçiliklere boýun bolmaga borçly däldiris. Çagalarymyzyň durmuşlary tötänlige bagly bolmaly däldir. Çagalarymyzyň özümize getirip bilýän her hili «sowgatjyklary» üçin otagda aýak üstünde aýlanyp, dyrnaklaryňy gemrip, elleriňi döwmekligiň geregi ýokdur. Çagalarymyzyň durmuşlarynyň haýsydyr bir tapgyryň ýetip geleninde, olara burçuň arkasynda bir howp garaşýandyr öýdüp, gorkmaly bäldiris. Ýöne biz kämil ata-ene hem bolup bilýän däldiris, emma öz çagalarymyzyň durmuşlaryny hut şu wagt oňat tarapa öwürmeklige başlaga bizde güýç ýeterlidir. Gaganyň näçe ýaşynda bolýandygynyň parhy ýokdur: üç gezek nika aýrylyşmagyny başyndan geçiren otuz ýaşly ogul (bu aýrylyşyklaryň üçüsi hem onuň alkogol içgilere bolan höwesi üçindir) bize kämil bolup görünýän üç günlük çagadan hem dileglere kän mätäçdir. Çagalarymyzyň näçe ýaşlarynda bolýandygyna seretmezden, biziň dileglerimiz olaryň diňe ýagşylygy üçin hyzmat edýändir. Biziň dileglerimiziň manysy özümiziň hususy güýjümiz bilen çagalarymyzyň durmuşlaryny üýtgetmäge synanyşýandygymyzda däldir, olaryň manysy ähli döwürleriň iň kämil atasy bolan — özümiziň Gökdäki Atamyza ýüzlenmeklikdir. Şeýlelik bilen, öňe ädimme-ädim ýöräp, öz çagalarymyz üçin töwellaçylyk etmeklige öwrenip, biz çagalarymyzyň durmuşlarynyň her bir ýagdaýlary hakynda dileglerimizde Hudaýa gürrüň berip bilmegi başarmalydyrys. Hut şunda uly güýç gizlenendir we bu güýjüň mümkinçiliklerini adamzat hatda göz öňüne hem getirip bilýän däldir. Şonuň üçin hem ata-enäniň dileginiň güýjüne kem baha bermeklik dogry däldir. Gynansam-da, meniň ata-enem mysal almaklygyň nusgalary däldiler, meniň ejem deňagramly adam däldi. Şeýle gödek terbiýelenmegiň yzalaryndan täsin halda azat bolandygym hakynda men özümiň «Stormy» atly kitabymda gürrüň berdim («Harwest Haus» çaphanasy). Men şu kitabymda Kristoferiň doglanyndan soň, onuň bilen käwagtlar özümi edil ejem ýaly alyp barýandygyma göz ýetirendigim hakynda hem gürrüň berdim. Hudaýsyz biz özümize erk edip bilmän, öz ata-enelerimiziň hereketlerini we bir wagt bilen gören olaryň ýalňyşlyklaryny gaýtalaýandygymyza men düşündim. Käwagtlar gowşak pursatlarymyzda biz aň ýetirip, nähili göreşmelidigi hakynda oýlanyp ýetişmänkäk, çagalygymyzyň käbir sahnalary biziň ýadymyzda edil gözüňi gamaşdyryjy yşyk kimin peýda bolýar. Şeýle pursatlarda biz öz çagalarymyzy güýçli ýaralap bilýän sözleri aýdýandyrys. Bu ýagdaý bizde kök urup, elhenç göwrüme çenli ulalan günä duýgymyz bilen hem has kynlaşýandyr. Meniň bagtyma, bu kynçylyklary ýeňip geçmeklik üçin kömek eden adam mende bardy. Bu adamyň kömegi zerarly, men öz çagama hiç hili zyýan ýetirmän, bu kynçylygy ýeňip bildim. Ýöne bu ýagdaýdan ata-eneleriň bary ýeňiş bilen çykýan däldirler. Başdan özümi ýaman ene hasaplap, men birinji çagamyň doglanyndan başlap aladalanyp, gaty agyr ýagdaýlarda bolýardym. Ejem bilen gatnaşygyň özüme ýetiren agyrysyndan gorkup, men hem öz gezegimde öz çagama agyry ýetirmeklikden gorkýardym. Men öýde bar bolan çagalary terbiýelemek hakyndaky edebiýatlaryň baryny okap çykdym we çagalary mesihi terbiýelemek boýunça geçirilýän seminarlaryň ýekejesini-de sypdyrmajak bolup çalyşdym. Men bu peýdaly maglumatlaryň baryny özleşdirmäge synanyşýardym. Emma bu ýeterli bolmady. Maňa öz çagamyň ruhy, duýgulary we aň tarapyndan ösüşi baradaky tükeniksiz gorkular azar berýärdi. Emma has erbedi, onuň bilen bir zat bolup biler diýen pikir meni elhenç gorka salýardy. Ony ogurlap bilerler, ol suwa gark bolup biler, ýol heläkçiligine düşüp, maýyp bolup biler, ol keselläp biler, ony ýaman ýola salmaklary mümkin, ol zorlugyň pidasy bolup biler ýa-da ýöne ölmegi mümkindir. Öz oglumyň geljegi baradaky oýlanmalaryň gorkusy meni doň etdi. Özümiň ene howsalalygymy näçe basyp ýatyrmaga synanyşdygymça, gažet jurnallaryň her bir makalasy, jenaýatçylyk baradaky her bir täzelikler meni öňküsinden hem beter gorka salýardy. Galyberse-de, biz jenaýatçylygyň azatlygy bilen «şöhratlanýan» Los-Anjelesde ýaşaýardyk. Bu meniň güýjümden artykdy. Bir gezek men lapykeçlik bilen Hudaýa ýüzlendim: «Eý Hudaý, men indi çydap biljek däldirin. Men oglumy günde ýigrimi dört sagatlap gorap biljek däldirin. Men rahatlyga mätäçdirin. Men näme etmeli?» Soňky hepdeleriň içinde Hudaý meniň bilen gürleşdi we Kristoferi Özüne ynanmaklygyma yrdy. Oglum doglanyndan soň, men ärim bilen ony dileg ýygnanyşygynda Hudaýa bagyş etdik, emma Hudaý bizden mundan hem artygyny isleýärdi. Ol biziň öz çagamyzyň durmuşyny bütinleý Özüne ynanmaklygymyzy isledi. Ýöne çagany Hudaýyň eline tabşyrmaklyk bilen, indi biz onuň durmuşy baradaky jogapkärçiligi öz üstümizden aýryp bileris diýip oýlamadyk, biz özümizi Hudaý bilen berk gatnaşykda görmekligi isledik. Gerek bolanynda, Onuň Öz egnini biziň üçin goýup, bize öwredip, baryny özümizden hem gaty oňat edip biljekdigini bilýärdik, biz bolsa, öz gezegimizde, oňa dogry terbiýe bermäge borçludyrys. «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Biz bütinleý Hudaýa ynanmalydyk, çünki diňe Ol biziň çagamyzyň terbiýesi hakynda aladalanyp bilýärdi we diňe Hudaý çagamyzyň durmuşyny gül ýaly edip bilýändir. Kristoferiň durmuşynyň ähli taraplary hakynda dileg etmeklik gaty wajypdy. Muňa aň ýetirip, özümi oglum baradaky gorkular howsalandyranynda, Kristoferiň kesgitli kynçylygy üçin dileg etmekligime Mukaddes Ruhuň ünsümi çekýändigine düşünip başladym. Şonda men ol kynçylyk hakynda dileg ederdim we öz oglumy Hudaýyň eline tabşyrýardym. Şeýdip, Hudaý meni şu anyk aladadan azat edýärdi. Ýöne bu diýmeklik, şondan soň hiç haçan hem men bu mätäçlik hakynda dileg etmedim diýmekligi aňladýan däldir. Emma şondan soň meniň egnimde agyr ýük birnäçe wagtlap aýrylýardy. Bu kynçylygyň ýene-de dörän pursadynda, men ýene-de dileg edip başlaýardym. Oglum bilen hiç bir ýamanlyk bolmaz diýip, Hudaý hiç haçan hem maňa wada bermedi, meniň dilegim ýöne Hudaýyň güýjüne erk berýärdi we Onuň güýji Kristoferiň durmuşynda hereket edip başlap, ony goraýardy we men bolsa rahatlyga eýe bolardym. Şeýle-de, men çagam üçin dileglerimde hususy, öz bähbidim üçin hyzmat etjek isleglerimiň ýerine ýetirilmegi hakynda soramaly däldigine düşündim. Haçan-da men Hudaýyň erki boýunça däl-de, öz islegimiň ýerine ýetirilmegini soranymda, soranlarymyň bolsa amala aşanynda, netijede biziň barymyz lapykeç bolduk. Köpler üçin şeýle dileg tanyş bolmalydyr: «Eý Hudaý, Kristofer ulalanynda, biziň iň oňat dostlarymyzyň gyzyna öýlenmegi hakynda dileg edýärin» (Ol gyzyň ata-enesi bilen garyndaş bolmaklyk — bu gaty oňat bolardy). Ýa-da: «Eý Hudaý, goý, Amandany bu mekdepde gyzgyn garşylasynlar» (Şeýle bolsa, onda men rahat bolardym). Elbetde, biz özümiziň bu pikirlerimizi ses bilen hiç haçan hem aýtmazdyk, emma olar biziň aňymyzda galýarlar we bize täsir edip, öz isleglerimizi Hudaýyň ýerine ýetirmekligi hakynda soramaga mejbur etdirýändir. Şonuň üçin hem men dilegiň başga bir görnüşini saýladym: «Eý Hudaý, meni öz çagam hakynda dileg etmeklige öwret. Ony öz parzlaryňa laýyklykda terbiýeläp bilmegime kömek et we goý, onuň durmuşynda Seniň erkiň amala aşsyn». Dört ýarym aýdan soň Amanda doglanynda, men çaga gerekli bolan zatlary öz isleglerim bilen çalyşman, dileg etmekligi Hudaý tarapyndan bireýýäm öwrenipdim. Şonuň üçin hem men gaýrat bilen gyzym üçin töwellaçylyk edýärdim. Soňky ýigrimi ýylyň içinde Hudaý meniň dileglerime täsin halda jogap berdi we şu gün men olaryň netijelerini görýärin. Öz çagalarymyz hakynda Hudaýyň alada edýändigini men ärim bilen duýýandyrys. Çagalarymyz bolsa, öz gezeklerinde, şatlyk bilen Hudaýy tanap, Oňa hormat goýýarlar, çünki ata-eneler öz çagalary üçin dileg edenlerinde, olaryň durmuşlaryna Hudaýyň güýji girýändir. Dileg näme we ol nähili täsir edýär? Dileg — bu Hudaý edil gökdäki oňat Aýazbaba hökmünde, Oňa getirilen islegleriň düzüwidir. Dileg siziň öz durmuşyňyzda Hudaýyň bardygyny boýun alyp, Onuň ýolbaşçylygyny gözleýändigiňizi göz öňünde tutýandyr. Onuň manysy Hudaýyň barlygyny gözlemeklikden we Onuň güýjüne erk bermeklikden ybaratdyr. Hudaýyň erk alan bu güýji bize ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Ýer ýüzünde daňan zadyňyz Gökde-de daňylgy bolar. Ýer ýüzünde çözen zadyňyz Gökde-de çözülgi bolar» (Matta 18:18). Hudaý bize ýerde ygtyýarlyk berýär we haçan-da biz bu ygtyýarlygy alanymyzda, Ol bize Öz güýjüni hem berýändir. Bu güýjüň biziňki däl-de, Hudaýyň güýji bolandygy üçin, biz, öz gezegimizde, bu güýjüň doldurýan gaplary bolýandyrys. Biz dileg edenimizde, bu dileg ýollary açýandyr we bu ýollar arkaly Onuň güýji dileýän zatlarymyzyň hemmesine baryp ýetýändir. Biz bolsa özümiziň hususy gowşaklygymyzy boýun alanymyzda, bu güýjüň doly hereket etmegine rugsat berýändiris. Dileg arkaly biz özümizi Hudaýyň öňünde tabyn edip, şeýle diýýändiris: «Eý Hudaý, men Seniň barlygyňa we Seniň güýjüňe mätäçdirin. Sensiz men ejizdirin». Haçan-da biz dileg etmänimizde bolsa, edil özümizde hiç hili kynçylygyň ýokdugy hakynda aýdýan ýaly bolýandyrys. Isanyň ady bilen edilen dileg — Hudaýyň güýjüniň hazynalaryny açýan uly güýje eýe bolan açardyr: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer» (Ýahýa 16:23). Isanyň ady bilen edilen dileg bize duşmanyň üstünden ygtyýarlyk berýändir we Hudaýyň beren ähli wadalarynyň ýerine ýetjekdigine bolan biziň ynamymyz hakynda şaýatlyk edýändir. Hudaý biziň pikirlerimizi we mätäçliklerimizi bilýändir, emma Ol biziň dileglerimize jogap berýär, çünki hemişe we ähli zatda Ol bize saýlaw teklip edýändir. Ol saýlawlaryň içine Isanyň ady bilen Oňa ynanmaklyk we tabyn bolmaklyk hem girýändir. Dileg diňe bir biziň özümize däl-de, eýsem dileg edýän adamlarymyza hem täsir edýändir. Çagalarymyz üçin dileg etmeklik bilen, biz Hudaýyň olaryň durmuşlaryna girip, olaryň durmuşlarynyň bir bölegi bolup, olaryň ýagşylygy üçin hereket etmekligini soraýandyrys. Ýöne bu diýmeklik, jogap bada-bat geler diýmekligi aňlatmaýandyr. Käwagtlar ençeme günläp, hepdeläp, aýlap we ýyllap hem garaşmaly bolýandyrys. Emma biziň dileglerimiz hiç haçan hem biderek bolýan däldir. Eger biz dileg edýän bolsak, onda biziň ony görüp-görmeýänligimize seretmezden, bir zatlar hökman üýtgeýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Dogry adamyň yhlasly dilegi gaty güýçlüdir» (Ýakup 5:16). Özümiziň we çagalarymyzyň durmuşlarynda bolup geçýän wakalar diňe Hudaýyň erki we Onuň güýjüniň täsiri astynda bolup geçýändir. Dileg etmeklik bilen biz Hudaý üçin we Onuň güýji üçin gapyny açyp, olary öz durmuşymyza çagyrýandyrys. Şahsy mätäçlikleriň düzüwinden başlaň Men her bir çagamyň düwünçekdäki wagtyndan başlap dileg etmäge başlandygymy bellemelidirin, çünki Mukaddes Kitap şeýle diýýändir: «…Ol seniň… içiňde ýaşaýan halkyna[1] ak pata berýär» (Mezmur 147:13). Dilegiň güýjüne ynananym bilen, men bir zada düşünmeýärdim: Hudaý üçin biziň durmuşymyzyň her bir ownuk pursatlary hem gaty wajypmyka? Diňe häzirki wagt üçin dileg etmeklik ýeterli däldir — geljek barada we geçmişiň erbet täsirlerinden azat bolmaklyk barada hem dileg etmeklik wajypdyr. Dawut patyşany geljegiň gorkusy gaplap, lapykeçlik başyna düşeninde (Mezmur 143-e seret), ol: «Näme bolsa, şol bolsun» diýmedi. Ol ähli zat barada dileg etdi we biz hem ondan görelde almalydyrys. Munuň üçin her bir çaganyň mätäçlikleriniň jikme-jik düzüwiniň gerekdigine men düşündim. Bu kimdir biri tarapyndan maňa berlen pikir däldi, çünki men şuňa düşündim: eger men her bir mätäçlik üçin dileg etmesem, onda Hudaý maňa jogap bermez. Özümiň sanawdan artyk bolan dileglerimiň ählisini Hudaýyň bilýändigine men ynamlydym we şonuň üçin hem rahatdym. Her ýylky işden rugsat alan pursatlarymda, men maşgalam bilen kenar ýakasynda dynç alyp geçirýärdim we şol günler men daň säherde, heniz hemmeleriň uklap ýatan mahalynda, özümiň dileglerimiň baş düzüwini düzüp, ençeme gymmatbaha sagatlary Hudaý bilen bilelikde geçirýärdim. Men oturyp, elimde galam bilen kagyz tutup, uly tolkunlara syn edýärdim we her bir çagam üçin geljekki ýylyň içinde dileglerde töwellaçylyk edip bilmekligim üçin akyldarlyk soraýardym. Çünki çagalarymyň her biriniň hakyky mätäçliklerini we geljek ýollaryndaky kynçylyklaryň ählisini diňe Ol bilýär ahyryn. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Rebbiň syry Ondan gorkýanlara aýan edilýändir. Ol olara ähtini bildirer» (Mezmur 25:14). Eger biz Ondan soraýan bolsak, onda Ol bize aýan bolmadyk zatlary açýandyr. Hudaý bilen şol daň säherdäki gürrüňdeşliklerimde Ol hemişe maňa oňat nesihatlary berýärdi we men her bir çagamyzyň mätäçlikleriniň jikme-jik düzüwi bilen öýe dolanyp gelýärdim. Men olary şu wagta çenli hem saklap gelýärin we şol düzüwlere ýene-de syn edip, öz dileglerimiň jogaplaryny we çagalarymyň durmuşlaryndaky özgermeleri görenimde, ýene bir gezek Hudaýyň Öz sözüne bolan baky wepalylygyny görýärin. Hudaýyň Sözi — biziň ýaragymyz Çagalarymyz üçin söweş dyza çökmeklik bilen alnyp barylýandyr. Biz dileg etmedik wagtlarymyzda, çagalarymyzyň söweş meýdanynda duşmanyň oklary astynda onda-oňa ylgaýandyklaryna daşdan syn edip durýandyrys. Dileg edenimizde bolsa, biz Hudaýyň öz çagalarymyza kömege ýetişmegi hakynda sorap, olaryň ýanlarynda durýandyrys. Öz dileglerimizde biz Onuň Sözüni ulananymyzda bolsa, her bir duşmany ýeňmäge ukyply bolan güýçli ýaragy elimize alýandyrys. «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýewreýler 4:12). Hudaý şeýle diýýär: «Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; ol Maňa boş öwrülmän, islän zadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlik gazanar» (Işaýa 55:11). Bu diýmeklik — Hudaýyň Sözi hiç haçan hem miwesiz bolýan däldir. Hut şunuň üçin hem men şu kitapda her dilegden soň Mukaddes Kitapdan alnan birnäçe aýatlary getirdim. Dilegiňe Mukaddes Kitapdan laýyk gelýän aýatlary goşmaklygyň neneň wajypdygyny men gowy bilýärin. Eger siz dileg edýän mahalyňyzda, Mukaddes Kitabyň gerekli aýadyny ýadyňyza salyp bilmeýän bolsaňyz, dileg etmegiňizi bes etmäň, özüňiziň bilýän bir-iki aýadyňyzy aýdyň we neneň täsinlikleriň bolup başlaýandygyny görersiňiz. Eger siz Hudaý bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, Onuň Sözüni okaýan bolsaňyz we eger Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda öz çagalaryňyz üçin dileg edýän bolsaňyz, onda Mukaddes Kitabyň ýene we ýene täze bölekleri size aýan bolup başlar. Siz ol aýatlary hem öz dilegleriňize goşup bilersiňiz. Her dilegiňizde Mukaddes Ýazgylaryň täze aýatlaryny ulanmaklyk hökmany däldir. Çagaňyzyň bir kynçylygynyň çözülmegi üçin dileg edýärkäňiz, bir ýa-da iki aýat ýatlap, şolary aýtmaklyk ýeterlidir. Mysal üçin, gyzymyň mekdepde kynçylyklary döräninde, biz ikimiz olaryň çözülmekleri üçin dileg etdik we her gezek meniň maslahat bermekligim arkaly ol şu aýady gaýtalady: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Filipililer 4:13). Özüm dileg edenimde bolsa, men şu aýady okaýardym: «Dogry adamlar perýat edenlerinde Reb eşidýär, olary ähli muşakgatlaryndan gutarýar» (Mezmur 34:17). Dilegde Hudaýyň Sözüni ulanmaklyk bilen, biz Hudaýyň wadalarynyň çagalarymyzyň durmuşlarynda ýerine ýetmegine girew berýändiris. Hudaýyň Sözi bize ýolbaşçylyk edip, Onuň wepalylygy hakynda bize ýatladýandyr. Şeýlelik bilen, Hudaý ýüreklerimizde ynamy döredýändir we Öz ýüreginiň syrlaryny bize açýandyr. Bu bolsa biziň Onuň sözlerine, erkine we öz ygtyýarymyza şübhe döretmän, ynam bilen erjellik edip dileg etmeklige bize güýç berýändir. Şeýtana jogap berip, Isa ony Mukaddes Ýazgylaryň sözleri bilen paş etdi. Mysal üçin, haçan-da şeýtan Oňa: «Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýeninde, Isa şeýle jogap beripdi: «Meniň ýanymdan güm bol, şeýtan! Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr» (Luka 4:8). Isa — biziň üçin ähli zatda mysaldyr. Biz Oňa gözümizi dikip, ondan öwrenmeklige çagyrylandyrys. Ol şeýle diýipdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn» (Ýahýa 14:12). Ýene-de Ol şeýle diýdi: «Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter» (Ýahýa 15:7). Eger biz Hudaýyň Öz Sözünde bize berýän nesihatlaryna laýyklykda dileg etsek, onda şeýtana has çözgütlilik bilen garşy durup bilýändiris. Eger-de Onuň Isa Mesih arkaly özümizde bar bolan güýjüniň we ygtyýarynyň manysyna dogry düşünsek, onda şeýtan bizi ýeňip bilmez. Eger biz… Oňa gözümizi dikýän bolsak, Onuň ýollaryndan ýöreýän bolsak, Oňa bil baglaýan bolsak, Oňa sežde edip, Onuň Sözi boýunça ýaşaýan bolsak, Onda öz çagalarymyz üçin bolan söweşde ýeňijiler bolýandyrys. Ýadyňyzda saklaň, çagaňyz üçin haçan hem bolsa dileg etseňiz, onuň durmuşynyň edil şu dilegiňize bagly bolşy kimin dileg ediň, çünki hakykatda bu hut şeýledir. Ýadyňyzda saklaň, Hudaýyň kämil niýetinden başga-da, şeýtanyň hem öz meýilnamalary bardyr. Şeýtan siziň çagalaryňyzy heläk etmek isleýändir we munuň üçin ol mümkin bolan ähli serişdeleri ulanýandyr: neşe, jynsy gatnaşyk, alkogol içgiler, ahlaksyz hereketler, betbagtçylyklar, keseller. Ýöne ol bu serişdeleriň hiç birini hem ulanyp bilýän däldir, çünki onuň güýji siziň dilegleriňiz astynda kemelýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Biri bir güýçli adamyň öýüne girip, nähili onuň malyny talap biler? Öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar» (Matta 12:29). Bu diýmeklik, ilki bilen duşmany baglap, ony ygtyýarlykdan mahrum etmän, oňa degişli bolan ýerlerde söweş alyp baryp bolmaýandyr. Şeýlelik bilen, biz şeýtana çagalarymyzyň durmuşlaryna aralaşmagyna päsgel berip bilýändiris. Elbetde, eger biz çagalarymyza dogry ýoly salgy bermeýän bolsak, eger olara Hudaýyň parzlaryna hormat goýmaklygy öwretmeýän bolsak, eger Hudaýa ýakymly bolan saýlawy etmekligi olara maslahat bermeýän bolsak, tertipli bolmaklyga öwretmeýän bolsak, eger olara ýolbaşçylyk etmeýän bolsak, onda şeýtan bize çynlakaý zyýan ýetirip bilmeklige ukyplydyr. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Eger biz ata-enäniň şu borjuny ýerine ýetirmesek, onda çagalarymyz baş galdyryp, nägogry saýlaw etmekleri mümkindir. Bu bolsa olary Hudaýyň goragyndan mahrum edýändir. Çagalary Hudaýyň ýollaryna we Onuň Sözüne laýyklykda dogry terbiýeläp, olara öwretmeklik — bu şeýtanyň däl-de, Hudaýyň niýetiniň amala aşyryljagynyň girewidir. Mukaddes Kitap bize şeýle nesihat berýär: «Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» (Ýakup 4:7). Şeýtany dilegler bilen baglap, onuň meýilnamalaryny dargatmaklyk — bu ruhy söweşiň aýrylmajak bir bölegidir. Biziň şeýtana garşy durmaklygymyz çagalarymyzy azat edip, olara Hudaýyň ýoluny saýlamaklyga mümkinçilik berýändir. Çagalarymyzyň durmuşlaryna aralaşmaklyga synanyşyklarynda şeýtan mydama olary günäkärläp, höküm etmäge sebäp gözleýändir. Ýöne ol Hudaýyň Sözi bolan ýagaryň öňünde tabyn bolman bilmeýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy» (Ylham 12:10). Isa Özüniň haçdaky ölümi bilen ýalançynyň oňurgasyny döwdi, emma muňa seretmezden, Hudaýyň özlerine beren şeýtanyň güýjüni ýeňip bilmeklik ygtyýarlygy hakynda hiç zat bilmeýänleriň janlaryny eýelemäge ol heniz hem güýji bardyr. Hut şu ýerde biziň dileglerimiz söweşe girişýändir. Biz tä dileglerimiz bilen ýalançynyň dikelden galalaryny ýykmaga girişmänkämiz, oňa garşy güýçli ýarag bolan Hudaýyň Sözüni ulanmaklyga başlamankamyz, biziň çagalymyz howp astynda galmaklaryny dowam etdirýändirler. Eşidilen dilegiň aýdyň mysaly Biziň ýygnagymyz kiçijik dileg toparlaryny gurnady we oglumyzyň iki ýaşy dolanynda, ärim bilen men şeýle toparlaryň ýygnanyşyklarynyň birini öz öýümizde geçirip başladyk. Ýuwaş ýuwaşdan biz şuňa düşündik: biziň toparymyzyň agzalarynyň mätäçlikleri gaty köpelip başlady. Aýda bir gezek ýygnanyşmaklyk bilen biz ol mätäçlikleriň hemmesi hakynda dileg edip ýetişmeýärdik. Şonuň üçin hem biz ýörite dileg etmeklik üçin aýda ýene bir gezek ýygnanyşmaklygy çözdük. Bu duşuşyklarymyzda biz her bir mätäçlik üçin dileg edýärdik, ýöne dileg mätäçlikleriniň sany we öz çagalary üçin dileg etjek ata-eneleriň haýyşlary şeýle bir kändi welin, her bir çaga üçin dileg etmeklige biz bütin güni bagyşlamaly bolduk. Bu gullugy biz «Öz çagalarymyzyň durmuşlary üçin töwellaçylyk» diýip atlandyrdyk. Bu gulluk gaty ulalýardy, çünki biziň toparymyza täze-täze adamlar goşulýardylar. Iş ýüzünde şu kitaby ýazmaklyk pikiri ýigrimi ýyldan hem ozal hut şol dileg toparlarynda peýda bolupdy. Ahyrynda bilelikdäki dileglerimiziň getiren miweleri hakynda hiç birimiz hem göz öňümize-de getirip bilmeýärdik. Öz çagalarymyz üçin töwellaçylyk etmeklige öwrenmeklik bilen biz özümiziň Hudaýyň ýoly boýunça gidýändigimizi bilýärdik we öz dileglerimiziň sanawsyz jogaplaryny görüp, gaty begenýärdik (şu kitabyň iň soňundaky «Öz çagalaryňyz üçin beýleki ata-eneler bilen bilelikde dileg ediň» atly goşmaça seret. Ol ýerde çagalar üçin bilelikde töwellaçylyk etmeklik üçin dileg ýygnaklaryny nädip gurnamalydygy hakynda gürrüň berilýändir). Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «…eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer» (Matta 18:19). Şeýle-de: «Nädip bir duşman olaň müňsüni kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?» (Kanun taglymaty 32:30). Öz çagalary üçin Hudaýa dileg etmeklik üçin bilelikde ýygnanan 10–12 ata-enäniň bilelikdäki dileginiň güýjüniň neneň uludygyny hasaplamaklyk üçin beýik alym bolmaklygyň geregi ýokdur. Şu kitabymyň epigrafy hökmünde meniň Mukaddes Kitapdan getiren aýadymda, Hudaý şeýle diýýär: «Tur, gije nobatlar başynda gygyr, ýüregiňi Rebbiň huzuryna suw kimin dök; her köçäniň başynda… çagalaryň jany üçin Oňa eliňi ser» (Ýeremeýanyň agysy 2:19). Erjellik we höwes bilen edilen ata-enäniň dileginiň neneň wajypdygy hakynda şu aýatdakysyndan oňat aýdyp bolýan däldir. Dilegleriň jogaplaryna-da hut şeýle ýagdaýda garaşmaklyk hem gaty wajypdyr. Soňky ýigrimi ýylyň içinde biziň toparymyzyň dilegleriniň jogaplary şeýle bir ummasyz boldy welin, hatda ata-eneleriň öz çagalary hakynda şaýatlyklary barada giden bir kitap ýazýa bolýandyr. Olaryň birini men aýratyn ýadymda sakladym, çünki bu biziň bilelikdäki erjellik bilen eden dileglerimiziň netijeleriniň ilkinjileriniň biridi. Nensi çagasyny ýeke terbiýeleýän aýaldy. Onuň gyzynyň ady Janetdi. Janet Hudaýa ynanýardy, emma ata-enesiniň aýrylyşmaklarynyň özüne ýetiren lapykeçligi we agyry zerarly, ol Hudaýdan ýüz dönderipdir. Nensi biziň toparymyzda gyzy Janet üçin dileg etmekligi haýyş etdi. Biz Janetiň goragly bolmaklygy hakynda dileg etdik, çünki Hudaýyň rehimdarlygynyň goragyndan çykan çagalaryň uly howplara duçar boljakdyklaryny bilýärdik. Bir gezek Janet maşynly ýeke özi ýolda barýarka, heläkçilige uçraýar. Onuň maşynyna garşysyndan gelýän serhoş sürüji ýokary tizlikde urlupdyr. Lukmanlar bolan waka täsinlik diýdiler, çünki gaty çynlakaý ejir çekendigine seretmezden, Janet diri galdy. Sagalmaklygyň uzyn wagtyny geçireninden soň, Janet hem fiziki, hem-de ruhy taýdan sagaldy. Eger biziň töwellaçylygymyz bolmadyk bolsa, onda Janetiň hiç haçan hem şeýle ýagdaýdan soň diri galyp bilmejekdigine biziň hemmämiz we onuň ejesi Nensi hem ynamlydy. Soňra Janet bagtly durmuş gurdy. Onuň täsin äri we owadanja gyzy bar. Janetiň özi bolsa indi oňat mesihi. Ol biziň guramamyzyň kätibi bolup sekiz ýyl işledi we onuň durmuşy mydama bize ata-enäniň dilegleriniň güýji hakynda ýatladyp durýandyr. Dilegler jogapsyz galanlarynda Dileg edýän ata-eneler üçin öz dilegleriniň jogaplaryna garaşmaklyk — bu iň agyr synag bolup durýandyr. Käwagtlar jogaplar çalt gelýärler, emma köplenç bolsa has tersine bolýandyr. Şeýle ýagdaýlarda biz köplenç lapykeç bolup, hatda Hudaýa gaharlanýan wagtymyz hem bolýandyr. Bary umytsyz ýaly bolup görünýändir we biz ýeňlendigimizi boýun almaga taýyn bolýandyrys. Käwagtlar bolsa biz öz dileglerimize seretmezden, çagalarymyzyň nädogry hereket edýändiklerini, netijede bolsa lapykeçligiň ajy miwesini datýandyklaryny görýändiris. Eger siziň çagaňyz nädogry saýlaw eden bolsa, özüňizi ýaňsylamaň we dileg etmekligiňizi bes etdirmäň. Çagaňyz bilen gürrüňdeş bolmaklygyňyzy, onuň üçin töwellaçylyk etmekligiňizi we Hudaýyň Sözüni öwrenmekligiňizi dowam etdiriň. Ruhdan düşmäň, tersine, şahsy we bilelikdäki dilegde erjellik ediň. Güýje dolup, şeýle diýiň: «Men ýaňy söweşe başladym». Şeýle-de, bu söweşde ýaragyňyzyň öz dilegiňizdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Iş ýüzünde bu söweşi Hudaý alyp barýandyr. Siz öz çagaňyz bilen däl-de, şeýtan bilen göreşýändigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň. Ol siziň esasy duşmanyňyzdyr. Çagaňyzyň durmuşynda üýtgeşikleri göreniňize çenli mydama dilegde boluň. Hemişe dilegde bolmaklygyň iň aýdyň şaýatlyklarynyň biri — bu Dawut patyşanyň şu sözleridir: «Men duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetdim, olary wes-weýran edýänçäm yzyma öwrülmedim. Olary pagyş-para etdim, olar galyp bilmediler, aýaklarymyň astyna ýykyldylar. Sen uruş üçin bilime güýç berdiň; maňa garşy çykanlary aýagymyň astyna egdiň» (Mezmur 18:37–39). Dawut tä maksadyna ýetýänçä, dileg etmekligini bes etdirmedi. Bu biziň her birimiz üçin hem oňat mysaldyr. Biz hem tä jogap alanymyza çenli dileg etmeklige çagyrylandyrys. Eger siz öz çagaňyz üçin Hudaýa gaharlanyp, Ondan öýkelän bolsaňyz (şeýle ýagdaý hatda güýçli söýýän ata-eneler bilen hem köplenç bolýandyr), onda Oňa bu barada dogrusyny aýdyň. Hudaýdan öz lapykeçligiňizi we umytsyzlygyňyzy gizlemäň; özüňizde erbet duýgulary saklamaň. Özüňiziň gizlin duýgularyňyzy Hudaýa aýan ediň, Ondan ötünç soraň we mundan beýläk nähili hereket etmelidigiňizi görkezmekligini soraň. Iň esasy zat: ýüregiňizde ornaşan lapykeçlik zerarly elleriňiziň aşak gaçyp, dilegleriňiziň bes edilmezligi barada berk aladalanyň. «Kämil» däl-de, «dileg edýän» ata-ene Çagalarymyzyň durmuşlarynda bir zatlar başa barmanynda, biz özümizi günäkär duýýandyrys we kämil ata-ene däldigimiz üçin özümizi ýigrenýändiris. Ýöne çaganyň durmuşyny ýagşylyga öwürýän — bu ata-enäniň kämilligi däldir, çünki kämil ata-ene hiç-de bolýan däldir. Biziň hiç birimiz hem kämil däldiris. Onda nädip biz kämil ata-eneler bolup bilýändiris? Ata-enäniň dilegi — ine, çaganyň durmuşynda esasy roly oýnaýan şudur. Çaga üçin bolsa hemmeler hem dileg edip bilýändir. Onuň ata-enesi bolmaklygyň hem zerurlygy ýokdur; onuň dosty, mugallymy, babasy ýa-da mamasy, daýzasy ýa-da doganoglany, goňşusy ýa-da hatda nätanyş adam hem bolmak mümkindir. Iň esasy zat — bu çaga bolan ýürekdäki söýgi we rehimdarlykdyr. Dilege mätäç bolan çaga hakynda kimdir birinden ýa-da täzeliklerden eşidip hem bolýandyr. Şeýle-de, siz haýsydyr bir uly adama hem ata-ene ýaly duýgulary duýýan bolsaňyz, onda onuň üçin hem dileg edip bilýänsiňiz. Eger siz ata-enesiniň özi hakynda dileg etmeýän çagany bilýän bolsaňyz, onda siz hut şu wagtyň özünde onuň özenini dolduryp bilýänsiziň. Şeýlelikde bolsa, siz ol çaganyň mätäçligini kanagatlandyrýansyňyz. Siz ýüregiňiziň islän her bir çaganyň tarapynda goraga durup bilýänsiňiz. Ýeke-täk wajyp zat — bu ýüregiňiň töründen şeýle diýmeklikdir: «Eý Hudaý, şu çaganyň durmuşynyň oňat tarapa üýtgemekligi üçin meniň nähili dileg etmelidigimi görkez». Şondan soň şu kitapda size hödürlenýän dileglerden peýdalanyň we özüňizi Mukaddes Ruhuň nirä äkidýändigine syn ediň. Her bir babyň ahyrynda men siziň üçin dilegleriň nusgalaryny ýerleşdirdim. Siz bir aýyň ýa-da hepdäniň içinde şol dilegleriň biri bilen her gün dileg edip bilersiňiz. Ýa-da siz çagaňyz üçin şu wagt gaty ýiti bolan kynçylygyň çözülmegi üçin dilegde ünsüňizi jemläp, tä jogap alanyňyza çenli dileg edip bilersiňiz. Jogap alanyňyzda bolsa, bu siziň indiki mätäçlige geçmekligiňiziň alamaty bolýandyr. Mümkin boldugyndan şu dilegleri ýygy-ýygydan gaýtalaň. Hudaý size: «Meniň ýanyma mydama şol bir dileg bilen gelme» diýip, hiç haçan hem aýdýan däldir. Tersine, Ol biziň mydama dileg etmekligimizi buýurýar, ýöne dilegdäki biderek gaýtalamalara ýol bermeklik bolmaz. Siz dileg ediş meýilnamaňyzdan çykmaklyga ýa-da diňe şu kitapda getirilen dilegler bilen dileg etmelige borçly dälsiňiz. Meniň siziň üçin getiren bu dileglerim diňe nusga hökmündedir. Siz olardan ugur alyp bilersiňiz. Emma ilki bilen özüňizi Hudaýyň öňünde tabyn ediň we Onuň Özüniň isleýşi sizi mynasyp ata-ene we töwellaçy etmekligi hakynda soraň. Mukaddes Ruhuň sizi alyp barşy ýaly dileg ediň. Mukaddes Ruhuň görkezen mätäçlikleri üçin çagaňyz barada dileg ediň. Öz dilegleriňize alan jogaplaryňyzyň şaýatlyklaryna men sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Dileg Eý Hudaý, men Seniň öňüňde dyza çökýärin. Seniň isleýşiň ýaly edip, çagamy diňe öz güýjüm bilen terbiýelemekligi başarmaýandygyma men düşünýärin. Seniň kömegiňe mätäçdigimi men bilýärin. Men çagamy Seniň bilen bile terbiýelemek isleýärin; maňa akyldarlyk ber, öňdengörüji bolup bilmekligi maňa öwret. Men Seniň ýolbaşçylygyňy gözleýärin we Seniň güýjüňe, sabyrlylygyňa, özüme we öz perzendime injek bolelin rehimdarlygyňa mätäçdirin. Seniň söýşüň ýaly söýmekligi maňa öwret. Senden haýyş edýärin: maňa şypa berip, meni azat et, meni üýtget we ruhda ýetişen, bütewi adam bolmaklygyma kömek et. Seniň öňüňde dogrulyk ýollaryndan ýöremekligime kömek et. Hemişe Saňa ýaranmaklyk üçin, Öz parzlaryňy maňa öwret. Seniň gözleriňde merhemete eýe bolmagym üçin, goý, Mukaddes Ruhuňyň gözelligi mende aýan bolsun. Çagam bilen dogry gaynaşyk edip, ony dogry terbiýeläp, dogry zatlara öwretmegime kömek et. Özüňiň isleýşiň ýaly meni çagamyň ejesi et; öz çagamyň durmuşy hakynda dileg edip, dogry töwellaçylyk edip bilmekligi maňa öwret. Eý Hudaý, Sen Öz Sözüňde şeýle diýdiň: «Iman edip, dileg bilen her näme dileseňiz, alarsyňyz» (Matta 21:22). Isanyň ady bilen men Senden dileýärin: meniň ynamymy güýçlendir. Goý, men Seniň öz çagam hakynda aýdýanlaryňa ynanyp bileýin. Goý, men Seniň özüme tabşyrýanlaryň hakynda dileg edip bileýin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Ýahýa 15:16 Dogry adam aýypsyzlydda gezýändir; ondan soň ogullary nähili bagtly bolar! Süleýmanyň tymsallary 20:7 Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin. Ýahýa 14:13–14 Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň. Efesliler 6:4 Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň. Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň. Efesliler 6:17–18 2-NJI BAP NÄDIP ÇAGAŇY HUDAÝYŇ ELINE TABŞYRMALY Birinji çagamyň doglanyndan soň, men ol barada aladalar bilen rahatlygymy bütinleý ýitirdim. Ony kimdir biri birden ýykydar, ýa-da birden suwda gark bolar, ýa-da birden kesel bolup öler, ýa-da birden ony naharlamagy ýadymdan çykararyn, ýa-da birden ony it dişlär, ýa-da birden ýol heläkçiligine duçar bolar, ýa-da ony birden ogurlarlar we ony ýitirerin diýip gaty gorkýardym. Hudaýa tabyn bolmaklykdan däl-de, eýsem lapykeçlykden men Oňa ýüzlendim. Ol Kristoferiň Özüniň bize beren sylagydyny we oglumyz barada hatda bizden hem artyk alada etjekdigini bada-bat ýatlatdy. Meniň ýadyma Mukaddes Kitabyň şu nesihaty düşdi: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» (1 Petrus 5:7). «Eý Hudaý, dünýäde hemme zatdan hem men öz oglum hakynda gorkýan, şonuň üçin hem ony Seniň eliňe tabşyrýaryn, çünki diňe Sen oňa dogry terbiýe berip, onuň howpsuzlygy hakynda alada edip bilýänsiň. Ata-ene ýüküni men ýeke çekmekligi islemeýärin; men muny Seniň bilen etmek isleýärin». Meni gorkular eýelän başlap pursadyndan başlap, men bu ýagdaýy dileg etmeklige başlamaklygyň nyşany hökmünde kabul etdim we tä ýüregimde rahatlyk höküm sürenine deňeç dileg etmegimi dowam etdirdim. Eger howsala meni taşlamaýan bolsa, onda ýüregimde rahatlygyň höküm sürerine garaşyp, doganlarym bilen bile dileg edýärdim. Günde men öz oglumy Hudaýyň eline tabşyrýandygymy ykrar edýärdim we ol hakynda alada etmekligi üçin Gökdäki Atamdan dileýärdim. Bu meniň egnimden ýüki aýyrýardy we men özümi bagtyly ene duýup başlaýardym. Men bu dilegi öz çagalarym üçin ençeme ýyllap edip geldim. Men ilkinji gezek çagalarymy ýygnakdaky dynç güni geçirilýän toparda galdyranymda, olary ilkinji gezek çagalar bagynda günuzyn galdyranymda, ýaralaryny tikmeklik üçin olary lukmanyň otagynda galdyranymda, öz dostlary bilen ilkinji gezek dynç almaga gidenlerinde, gezelenje gitmeklik üçin Waşingtona uçanlarynda, olary ilkinji gezek düşelgede dynç almaga iberenimde, oglumyň ilkinji gezek maşgala maşynyny sürmäge girişeninde we her gezek onuň futbol oýnanynda şu dileg bilen Hudaýa ýüzlenýärdim. Ýaňy-ýakynda Kristofer kolleje gideninde, men ony ýene-de Hudaýyň eline tabşyrdym. Onuň gitmeziniň öň ýany aýrylmaly pursadymyzy göz öňüme getirip, men birnäçe aýlap agladym. Onuň öz ýanymyzdan gideninden soň durmuşymyzyň güýçli özgerjekdigini men duýýardym. Emma bu wakanyň öň ýanynda Hudaý maňa şeýle sözleri aýan etdi: «Çünki siz şatlyk bilen çykyp, parahatlyk bilen äkidilersiňiz; daglar we depeler öňüňizde aýdyma gygyrar, ähli meýdan agaçlary el çarpar» (Işaýa 55:12). Şunuň bilen birlikde, Ol aýrylyşmagyň agyrysyndan soň olara gelşi ýaly, biziň özümize hem şatlyk bilen parahatlygyň geljekdigini açdy. Çagalaryňyzyň haýsy tapgyrda bolýandyklaryna seretmezden, olary Hudaýyň eline tabşyrmaklyk bilen oňat ellere tabşyrýandygymyzy ýatda saklamaklyk gaty wajypdyr. Çagalarymyzyň öňe şatlyk we parahatlyk bilen gitjekdiklerini biz bilýändiris we Hudaý olara dogry ýoly görkezer. Biziň özümiz bilen hem Hudaý hut şeýle edýändir. Ene üçin şundan oňat teselli bolup bilermi? Hut şunuň üçin hem Kristoferi uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna getirenimizde, meniň ýüregimi şatlyk doldurýardy. Şeýle şatlygy diňe Hudaý berip bilýärdi. Şonda men dogrundan hem daglardyr depeleriň aýdym aýdýandyklaryny eşiden ýaly boldum (Işaýa 55:12 seret). Öz çagalarymy Hudaýyň eline ýene ençeme gezek tabşyrmaly boljakdygymy men bilýärin. Meniň üçin olaryň durmuşlarynyň iň çynlakaý wakasy — bu olaryň durmuş gurmaklary bolup durýandyr. Bu barada oýlanmaklyk bilen, men özüne Hudaýyň ogul bermegi hakynda dileg eden Hannany ýadyma salýaryn. Hudaý onuň dileglerine jogap berdi we Hanna Şamuweli dogurdy. Soň Hanna şeýle diýdi: «„Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä, men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun“. Soňra ol şol ýerde Rebbe ybadat etdi» (1 Şamuwel 1:27–28). Hanna ogluny Hudaýa bagyş etmeklige ant içipdi we çaganyň göwüsden aýrylan güni, ony Eliýiň garamagynda Hudaýyň öýünde galdyrdy. Şeýdip, Hanna öz antyny berjaý etdi. Emma howsala düşmekligiň (ýa-da, tersine, umyt etmekligiň) geregi ýokdur: ýygnagyň çopanyny bilen onuň aýalynyň garamagynda, çagaňyzy ýygnakda galdyrmaklygy Hudaý talap edýän däldir. Gürrüň ine nämede: Hanna öz çagasyny Hudaýa bagyşlady, onsoň bolsa Onuň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Netijede Şamuwel dünýädäki pygamberleriň iň beýikleriniň biri boldy. Çagalary özümize bagly etmeklik ýa-da olary diňe öz güýjümiz bilen terbiýelemeklige synanyşmaklyk bilen, biz olaryň durmuşlaryna Hudaýyň aralaşmagyny çäklendirmeli däldiris. Eger çagalaryňyzyň durmuşlaryna Hudaýyň ýolbaşçylyk edýändigine ynamyňyz bolmasa, onda sizi gorky eýeläp bilýändir. Diňe çagalarymyzy goýbermeklik we Hudaýyň olar bilen arkaýyn gepleşip bilmegine ýol bermeklik bilen, biz Hudaýyň ýolbaşçylyna ynamly bolup bilýändiris. Muňa siz diňe Onuň Sözüne laýyklykda ýaşamaklyk, Onuň ýollaryndan ýöremeklik we özüňiziň ähli aladalaryňyz hakynda Oňa dileglerde gürrüň bermeklik arkaly ýetip bilýänsiňiz. Biz diňe Hudaýa bil baglamalydyrys, çünki Ol öz çagalarymyz hakynda bizden-de has oňat alada edip bilýändir. Çagalarymyzy Gökdäki Atamyzyň eline bermeklik we Onuň ygtyýarlygyny boýun almaklyk bilen, biziň özümiz we çagalarymyz ýüreklerimizde çäksiz rahatlyga eýe bolup bilýändiris. Biz ähli ýerde ýetişip bilýän däldiris, emma Hudaý muny başarýandyr. Biz ähli zady görüp bilmeýändiris, emma Hudaý muny başarýandyr. Biz ähli zady bilip bilmeýändiris, emma Hudaý muny başarýandyr. Eger çagalarymyzyň ýaşlaryna seretmezden, biz olary Hudaýyň eline tabşyrýan bolsak, onda şunuň bilen birlikde biz öz ynamymyz we Oňa bil baglaýandygymyz hakynda şaýatlyk edýändiris. Şeýlelik bilen, biz çagalarymyzyň durmuşlarynyň üýtgemeklerine bolan ilkinji ädimi amala aşyrýandyrys. Çagalar üçin dileg şundan başlanýandyr. Dileg Eý Hudaý, men Saňa Isanyň ady bilen ýüzlenýärin we çagamy (çagaňyzyň ady) Seniň eliňe tabşyrýaryn. Meniň ogluma (gyzyma) diňe Seniň iň oňat zatlary berip biljekdigiňi bilýändirin. Onuň hakyky talaplaryny diňe Sen bilýärsiň. Men ony Seniň aladaňa ynanýaryn we ony Seniň goragyň astyna berýärin. Onuň dileg üçin sebäp hökmünde ýüregime salan her mätäçligi üçin dileg etmekligi men wada berýärin. Çagam üçin dileg etmekligi Sen maňa öwret we dilegde Özüň maňa ýolbaşçylyk et. Öz çagam üçin edýän dileglerimde özümiň hususy isleglerimi talap etmekligime ýol berme. Çagamyň durmuşynda Seniň erkiňiň hereket ederi ýaly et. Meni taşlamandygyňa we öz oglumy (gyzymy) terbiýelemekde Seniň kömekçiň bolmagyma rugsat berendigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Çagalary terbiýelemek meselesindäki adamlaryň hödürleýän umytsyz we hemişe üýtgäp durýan usullara bil baglamandygym üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Seniň öwüt-nesihatlaryňa gulak asmaklyk bilen akyldarlyk we düşünje alyp bilýändigimi bilýärin. Eý Hudaý, Seniň gymmatbaha sylagyň bolan çagam üçin Saňa gaty minnetdardyryn. Durmuşda her bir oňat sylagyň Senden alýandygymyz hakynda Seniň Sözüňde aýdylýandyr. Şu çagany maňa berip, ol hakda meniň alada etmekligimi we ony terbiýelemegimi Seniň isleýändigiňi men bilýändirin. Şu meselede maňa kömek et. Nirede men çagamy öz pikirime eýermeklige mejbur edýändigimi görkez we çagama durmuşynda Seniň ýolbaşçylyk etmekligiň üçin, ony Seniň elastyňa berip bilmegime kömek et. Ähli bolup biljek howplaryň gorkularyndan meni azat et we ähli zady Seniň Öz eliňde saklaýandygyňa aň ýetirmekligiň kömegi arkaly maňa şatlyk we rahatlyk ber. Men ähli zatda Saňa bil baglaýaryn we şu gün hem men öz oglumy (gyzymy) Saňa ynanýaryn, ony Seniň eliňe tabşyrýaryn. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer! Matta 7:11 Emma Rebbiň merhemeti ezelden ebedä çenli Ondan gorkýanlaryň depesindedir; hawa, Onuň dogrulygy ogullaryň ogullarynadyr, Onuň ähtini saklaýanlara, olary berjaý etmek üçin onuň tabşyryklaryny unutmaýanlaradyr. Mezmur 103:17–18 Olar biderek zähmet çekmez we howp üçin dogurmaz; çünki olardan önenler-de olar bilen birlikde Rebbiň mübärek zürýadydyr. Işaýa 65:23 Ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr. Mezmur 127:3 Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. 1 Ýahýa 3:22 3-NJI BAP NÄDIP ÇAGANY ÝAMANLYKDAN GORAMALY Özümiziň iň gyzgyn dileglerimizde biz Hudaýyň öz çagalarymyzy goramaklygy hakynda gaty kän haýyş edýändiris. Eger ýüregiň çagalaryňyň şahsy howpsuzlygy üçin aladalardan doly bolanynda, olaryň nähilidir bir kynçylyklaryny çözmeklik kyn bolýandyr. Eger çagalarymyzyň geljeginiň hökman amala aşjakdygyna ynamly bolmasak, onda nädip olaryň geljekleri barada dileg edip bilýändiris? Kristoferiň on ýedi, Amandanyň bolsa on iki ýaşy dolanyna deňeç, biz Los-Anjelesde ýaşadyk we ähli şu ýyllaryň içinde men mydama olar üçin gorkup ýaşadym. Şonda jenaýatçylygyň derejesi mydama artýardy we hatda ýuwaş hasaplanýan biziň etrabymyz hem maňa hiç hili ynam bermeýärdi. Şonuň üçin hem men bu barada günde dileg edýärdim. Iş ýüzünde men çagalarym bilen hiç zat bolmazy ýaly olar üçin olaryň heniz ýaňy düwünçekde dörän pursadyndan başlap dileg edip başladym. Heniz olar ulalýarkalar, men Hudaýyň olary zorlukdan we her hili heläkçiliklerden goramaklygy üçin dileg etdim. Men hem ýeke, hem-de özümiň ynanýan dostlarym bilen dileg edýärdim: «Olary gözüň göreji ýaly gora. Olary tozduran erbetleriň ýüzünden, özlerini gurşan jan duşmanlaryndan ganatlaryň kölegesinde gizle» (Mezmur 17:8–9 seret). Amanda bilen Kristofer ähli çagalar ýaly ýykylýardylar, aýaklaryny agradýardylar, her hili ýaralar alýardylar, şeýle-de biziň lukmana ýüz tutup, birnäçe gezek ýaralary tikmeli bolan birnäçe çynlakaý wakalar hem bolupdy. Ýöne çynlakaý kynçylyklar olardan daş boldy. Tä oglumyň ýol heläkçiligine duçar bolanyna deňeç edil şeýle bolmagyny dowam etdirdi (bu barada men şu kitabyň sözbaşysynda gürrüň beripdim). Bir gezek säherde men oglumy we gyzymy mekdeplerine ugradyp, olaryň her haýsynyň öz dost-joralary bilen bilelikde gidenlerinden soň, öýüme dolanyp geldim. Birden ata-eneleriň köpleriniň gaty gorkýan telefon jaňynyň sesi geldi. «Hanym Omartiýan, siziň ogluňyz bilen hemme zat gowy, emma ol çynlakaý ýol heläkçiligine sezewar boldy we şu wagt ol keselhanada. Maşynlaryň ýüzbe-ýüz çaknyşmasy bolup geçen, galyberse-de, üç oglanlaryň hiç biri hem howpsuzlyk kemerlerini dakynmandyrlar». Keselhana ýoly boýunça men ärim bilen oglanlaryň üçleri üçin hem dileg edip bardyk. Men mundan öň birnäçe gezek Kristoferiň üstüne elimi goýup, Hudaýyň ony ýol heläkçiliginden goramaklygy üçin dileg edendigimizi ýatladym. Şol dileg edenimizdäki Mukaddes Kitapdan aýdan aýadymyzy hem men ýadyma saldym: «Çünki bütin ýollaryňda seni saklamak barada Ol Öz perişdelerine buýruk berer. Aýagyň daşa degäýmesin diýip, olar seni ellerinde göterer. Arslanyň, zäherli ýylanyň üstüne basyp geçersiň; ýaş arslany, uly ýylany depelärsiň» (Mezmur 91:11–13).Onsoň näme sebäpdendigine özüm hem düşünmän, biraz köşeşdim. Meniň ýüregimde Hudaýdan gelen rahatlyk höküm sürdi. Keselhana gelip, biz Kristoferiň maşynyň yzky oturgyjynda oturyp, dyzynyň üstünde sport geýimli uly haltasyny tutup oturandygy hakynda bildik. Hut şu halta onuň öňdäki oturgyja urlanynda, edil ýassyk ýaly bolup, urgynyň güýjüne päsgel beripdir. Netijede oglumyzyň diňe dyzyna we biline azrak ezýet ýetipdir. Öňki oturgyçda oturan oglan aýnadan okdurylypdyr we çynlakaý şikeş ýetipdir. Ruluň başyňda oturan oglan bolsa, rulu güýçli urlup, ýüzüne çynlakaý şikeş ýetipdir. Maşyn bütinleý mynjarylypdyr. Maşynyň howpsuzlyk üçin kemerlerini hökman dakynmalydyklary hakyndaky berk duýduryşlarymyzdan soň hem çagalarymyzyň biziň diýenlerimize gulak asmandyklaryny bilip, hem biziň özümiz, hem-de ol oglanlaryň hem ata-eneleri gaty haýran galypdyk. Eger-de olar bize gulak asan bolsadylar, onda belki hiç-de heläk bolmazdylar. Ýöne biziň eden dileglerimize görä, çagalarymyzyň diri galandyklary bizi begendirýärdi. Çagalarymyzyň durmuşlary üçin ençeme gezek Isanyň ady bilen dilegleriň edileni sebäpli, olaryň halas bolandyklaryny biziň hemmämiz bilýärdik we munuň üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdik. Çagaňyzyň betbagtçylyklardan aman galjakdygyny diňe dileg wada berýändir. Elbetde, siziň çagalaryňyz agyryny başlaryndan geçirmeli bolýandyrlar, çünki agyry — bu biziň günäli dünýämiziň üznüksiz bir böleridir. Ýöne ata-enäniň dilegi çagalary ýamanlykdan goramaklykda wajyp roly oýnaýandyr. Şonuň üçin hem hatda eger betbagtçylyk gelýän hem bolsa, çagalar barybir aman galýandyrlar. Ähli bolan wakalar bolsa olary ýamanlyk getirmän, tersine, olaryň ýagşylygy üçin hyzmat edýändir. Siziň dilegleriňiziň iň esasy peýdalylygy — bu Hudaýyň Sözüdir, ol size rahatlyk berýändir. Heniz Los-Anjelesde ýaşaýarkak, öz maşgalamyň we özümiň goragym üçin näçe gezek dileg edendigimi men hatda sanap hem biljek däldirin. Her gezek çägi bolmadyk zorlukdan özümizi Hudaýyň goramagy hakynda dileg edip, men Mukaddes Kitabyň şu böleklerini ýatdan aýdýardym: «Ol meni duşmanlarymdan halas edýär, ýagylarymdan rüstem edýär; Sen meni zorluk edýän adamdan halas etdiň» (Mezmur 18:48). Ýene-de: «Ol meni duşmanlarymdan halas edýär, ýagylarymdan rüstem edýär; Sen meni zorluk edýän adamdan halas etdiň» (Mezmur 31:21). Kaliforniýanyň ýene bir belasy — bu ýertitremelerdir. Her gezek uklamazymyň öň ýanynda men Hudaýyň öz maşgalamy ol beladan goramagy hakynda haýyş edýärdim. Bir gezek güýçli yranma meni gijäň ýarynda turuzdy we men tüm-garaňkylykda gorky içinde oýandym, şol wagt bolsa daş-töwerekde bar zatlar yranýardy. Bularyň bary gök gürrüldisinden hem elhenç bolan batly ses bilen bolup geçýärdi. Beýle zady ýatdan çykaryp bolýan däldir; bu ýadyňda hemişelik saklanyp galýandyr. Men bütin maşgalam üçin Mukaddes Kitabyň şu setirleri bilen dileg etmänkäm, gaýtadan ýatyp bilmedim: «Hudaý bize pena hem arkadaýançdyr, Ol muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir. Munuň üçin ýer gozgansa-da, daglar deňizler içine zyňdarylsa-da; olaryň suwlary güwläp köprese-de, olaryň gabarmagy bilen daglar titrese-de, biz gorkmarys» (Mezmur 46:1–3). Mukaddes Kitap belalaryň içinde goragy wada berýän hem bolsa, men Hudaýdan ondan hem artygyny diledim: «Eý Hudaý, men ýertitremäniň bolmazlygy üçin dileg edýärin. Emma ol bolmaly bolsa, onda biziň şu ýerde bolmazlygymyz ýaly et. Ýöne barybir biziň ýertitremäniň içinde bolmagymyz zerur bolsa, onda Senden haýyş edýärin: bizi gora». Nortridžedäki 1994-nji ýylyň 17-nji Türkmenbaşy aýyndaky ýer titremäniň bolmagynyň öň ýanyndan ol ýerden gidenimizde, bu dilegime Hudaýyň jogap berendigine men ynanýaryn. Birnäçe aýdan soň men çagalarym bilen ýer bilen ýegsan edilen ýerlere baryp gördük we bolan zatlary görüp, biz gaty gorkduk. Biziň ýaşan jaýymyz bütinleý dargapdy. Biz şeýle-de Hudaýyň güýjüniň hereketlerine we Onuň rehimdarlygyna hem geň galdyk. Meniň dileglerime jogap edip, Onuň rehimdar elleri bizi ol ýerden alyp çykyp, halas edipdi. Eger hatda biz ýertitreme döwründe şol ýerde bolan hem bolsak, onda ençeme beýleki adamlary Hudaýyň Öz rehimdarlygyny görkezişi ýaly, bizi hem gorap saklajakdygyna men ynamlydyryn. Betbagtçylyklar ähli ýerlerden hem gelip bilýändir. Iň esasy zat — bu Hudaýa bil baglap, Oňa dileg edip, Onuň jogaplaryna garaşmaklykdyr. Biz dileg edenimizde, durmuşymyzda bir zatlar üýtgeýändir, dileg etmedik wagtymyzda bolsa, hiç hili üýtgeşikler bolup geçmeýändir. Eger biz dileg etmedik bolsak, onda biziň çagalarymyz bilen näme bolup, näme bolmazdy? Geliň, munuň amala aşýanyna çenli garaşmalyň. Geliň, hut şu wagtyň özünde dilegde dyzymyza çökeliň. Dileg Eý Hudaý, men öz çagam (çagaňyzyň ady) üçin şu wagt dileg edýärin we Senden haýyş edýärin, onuň töwereginde gorag diwaryny dikelt. Onuň ruhuny, bedenini, aňyny we duýgularyny her bir ýamanlykdan gora. Esasan hem ony heläkçiliklerden, betbagtçylyklardan, kesellerden, ýaralardan we her bir fiziki taýdan, aň taýdan we duýgulary taýdan bolan zorluklardan gora. Men Senden haýyş edýärin, betbagtçylyklaryň geçenine deňeç, çagamy Öz ganatlaryňyň penasynda gizle (Mezmur 57:1–3 seret). Ony her bir mümkin bolan duşmançylykly täsirlerden, ähli gizlin howplardan gora we oňa garşy galdyrylan her bir ýaragyň güýjüni ýok et. Çagalarymyzy her bir howplardan goramaklygy wada berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin, eý Hudaý. Oglumyň (gyzymyň) Seniň goragyňyň astyndan hiç haçan hem çykmazlygy üçin oňa Özüňiň ýollaryňdan ýöremekligi we erkiňe gulak asyjy bolmaklygy öwret. Çagamyň nirede bolup, näme edýändigine seretmezden, Sen ony gora. Men Saňa Isa Mesihiň ady bilen dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Hemmeden beýik Bolanyň gizlin ýerinde outran Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutar. Men Reb barada diýerin: Ol meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn. Mezmur 91:1–2 Suwlardan geçeniňde seniň bilen bolaryn; derýalardan geçeniňde olar seni gark etmez; oduň ortasyndan ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn seni ýakmaz. Işaýa 43:2 Seniň garşyňa ýasalan ýarag işe ýaramaz; hökümde garşyňa galan dili höküm edersiň. Bu Rebbiň bendeleriniň mirasydyr, olaryň dogrulygy Mendendir, Reb diýýär. Işaýa 54:17 Çünki sen: «Reb meniň penamdyr» diýdiň, hemmeden beýik Bolany özüňe mesgen edindiň. Ýamanlyk ýüzüni görmersiň we mergi seniň çadyryňa ýakynlaşmaz. Mezmur 91:9–10 Men ýatdym we ukladym; oýandym, çünki Reb meni penasynda saklady. Çar tarapdan meni gaban halkyň on müňlerçesinden gorkmaýaryn. Mezmur 3:5–6 4-NJI BAP ÇAGANYŇ SÖÝGÜLIDIGINI NÄDIP OŇA GÖRKEZMELI Hakykata meňzeş ýaly bolup görünýän ýalan çagalarymyzyň pikirlerine aralaşanynda, olar iň agyr synagy başlaryndan geçirmeli bolýarlar. Bu ýalan, ine, şeýle görnüşde bolup bilýändir: «Hiç kim meni söýmeýär», «Men hiç kime gerek däl», «Men hiç kim üçin hem gyzykly däldirin», «Men hiç zady başarmaýan», «Men gaty çişikdirin» («Gaty hor», «Gaty uzyn» ýa-da «Gaty kiçi»), «Men tentek», «Men çendenaşa akyllydyryn» we şuňa meňzeşler. Çagalarymyzyň 12–13 ýaşanlarynda olaryň aňlaryna şunuň ýaly ýalan aralaşýandyr we köp ýagdaýlarda olar uly durmuşa gadam basyp-da, henizem şol ýalanyň ygtyýarlygynda galýandyrlar. Şonuň üçin hem çagaňyzyň özüni söýgüli we gerekli duýmaklygy üçin dileg etmeklige hiç haçan hem giç bolýan däldir; ol ilki bilen özüni Hudaý tarapyndan, onsoň öz maşgalasy tarapyndan, soňra dostlary we beýleki adamlar tarapyndan söýülýän duýmalydyr. Çagalaryňyzyň entek has kiçi bolanlarynda ýa-da olaryň durmuşlarynyň dürli wagtynda olar üçin dileg etmeklige başlamak bolýandyr. Olaryň anyk bir mätäçligi üçin bütin durmuşynda dileg etmekligiňizi bes etdirmäň. Biziň hemmämiz hem özümizi terk edilenler kimin duýmaly bolandyrys. Haýsymyz kemsitmäni, utanjy başyndan geçirmedi? Kim özüni günäkär duýmaklygyň agyrysyndan ejir çekmedi? Kim özüni peýdasyz ýa-da hiç kime gerekli bolan betbagt ýaly duýmady? Hereketlerimizi töwerekdäki adamlaryň goldaman, tersine, höküm eden pursatlarynyň agyrysyndan ejir çekmedi? Maşgalaňyň agzasy, dostuň ýa-da has nätanyş adam tarapyndan özüňe aýdylan «ýok» diýmekligiň nämedigini biziň her birimiz hem bilýändiris. Bir adam muny ýeňillik bilen başyndan geçirýändir, çünki ol ýüreginiň töründe özüni söýgüli we gerekli duýýandyr. Özüniň ençeme gezek terk edileniniň netijesinde, beýlekiniň ýüreginde bolsa çuňňur ýaralar galýandyr. Şeýle adam öz hereketlerine töwerekdäkileriň närazylyk bilen edýän gatnaşyklaryna mydama nädogry seredip başlaýandyr. Şonuň üçin hem dünýäde bar bolan ýamanlygyň esasy sebädi — bu bir adamyň beýleki adam tarapyndan terk edilmegi diýip hasaplap bolýandyr. Şeýle, işinden boşadylan işgär özüniň öňki iş ýerine baryp, öz başlygyny we özüniň öňki kärdeşlerini atýandyr. Ýa-da terk edilen är öz aýalyny urup, käwagtlar bolsa ony öldürýän pursatlary hem bolýandyr. Kimdir biri tarapyndan kemsidilen ene öz çagasyndan arany alýandyr. Eger adam özüni gerek däl ýaly duýýan bolsa, onda onuň ýüreginde ähli ýaman zatlar ýalaňaçlanýandyr. Kabul etmeklik we töwerekdäkileriň söýgüsi bolsa, tersine, onda bar bolan ähli iň oňat zatlary oýarýandyr. Özüni ýigrenilen ýaly duýýan adam töweregindäki ähli adamlar özüne garşy durýandyrlar diýip hasaplaýandyr: ol her bir bakyşlarda, öýkeletmeýän sözlerde, kiçijik hereketde özüne bolan howpy görýändir. Emma özüni söýgüli duýýan adam bolsa şol bir ýagdaýlarda oňa meňzeş hiç zady hem görýän däldir. Şeýle adama hiç kimiň hem ýamanlygynyň bolmazlygy hem mümkindir, emma özüniň hiç kime gerek däldigine onuň özi ynanyp, netijede öz-özüne uly zyýan ýetirýändir. Ýöne Hudaýyň söýgüsi baryny üýtgetmäge ukyplydyr. Hudaýyň özümizi söýüp, mydama bizi kabul edýändigine bolan ynam durmuşymyzy bütinleý özgerdýändir. Hudaý şeýle diýdi: «Sen Meniň bendämsiň, Men seni saýladym, seni terk etmerin» (Işaýa 41:9), şeýle-de: «Men seni ebedi söýgi bilen söýdüm; munuň üçin seni mähribanlyk bilen Özüme çekdim» (Ýeremeýa 31:3). Hudaý Öz söýgüsini subut etdi we Mukaddes Kitap bu barada şeýle diýýär: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rimliler 5:8). Emma iň ajaýyp zat şudur: «Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn» (Rimliler 8:38–39). Şu hakykaty çagalarymyzyň özleşdirip bilmekleri üçin biz dileg etmelidiris. Diňe şonda olar Hudaýyň söýgüsini kabul edip bilýändirler. Diňe şonda olar söýmeklige we beýleki adamlara düşünmeklige öwrenip bilýändirler. Her bir adama birinji orunda hut Hudaýyň söýgüsiniň gerekdigine seretmezden, çaga ilki bilen öz durmuşynda ata-enäniň söýgüsiniň barlygyny (ýa-da ýoklugyny) ýiti duýýandyr. Özüniň ilkinji günlerinden başlap, bäbek ony duýýandyr. Ata-enäniň söýgüsi çaganyň ir ýaşynda Hudaýyň söýgüsini tanamaklygyna mümkinçilik berýändir. Şonuň üçin hem çagalarymyzyň ilkinji günlerinden başlap, biz şeýle dileg etmelidiris: «Eý Hudaý, öz çagamy hakykatdan hem söýmekligime kömek et, Seniň isleýşiň ýaly men ony söýüp bileýin. Çagamyň düşünip bileri ýaly edip, oňa öz söýgümi görkezip bilmekligime kömek et». Eger siziň çagaňyz bireýýäm uly bolsa we käbir sebäplere görä özüni gerekli duýmaýan bolsa, onda haýallyk etmän, dileg etmäge girişiň. Ýüregini Öz söýgüsi bilen doldurmaklygy üçin dileg ediň. Onsoň çagaňyzyň ýüregini öz söýgiňiz we beýlekileriň söýgüsi üçin açmaklygy üçin Hudaýa dileg ediň. Çagaňyza bolan söýgiňizi aýan edip bilmegiňiz üçin Hudaýa dileg ediň we geçmişdäki ýalňyşlyklaryňyz üçin ýüregiňizi günäli duýmaklykdan doldurmaklygyna şeýtana ýol bermäň. Duşmanyň meýilnamasy size aýan bolmalydyr: «Seniň çagaň özüni gerekli duýmaýar, çünki sen erbet ene (ata)»; «Eger sen şeýle ejiz bolmadyk bolsaň, onda öz çagaňa söýgiňi görkezip bilerdiň»; «Seni hiç kim hiç haçan hem söýmedi, şeýle bolanynda, sen nädip kimdir birini söýüp bilersiň?» Bu ýalanlaryň bary dowzahdan gelýändir we şeýtanyň meýilnamalarynyň bir bölegi bolup durýandyr. Eger sizi günäkärlik duýgusy ýa-da durmuşyňyzdaky erbet ýatlamalar yzarlaýan bolsa, onda Hudaýyň öňünde öz pikirleriňizi açyň we bu barada dileg edip, onsoň berk ynam bilen şeýle diýiň: «Hudaý meniň çagamy söýýär. Men hem öz çagamy söýýän. Beýlekiler hem meniň çagamy söýýärler. Eger meniň çagam özüni söýgüli duýmaýan bolsa, diýmek ol şeýtanyň ýalanyna ynanypdyr. Biz şeýtanyň ýalanlaryna laýyklykda ýaşamaklykdan elimizi üzýäris». Sizden köp erjelligiň we çydamlylygyň talap edilýändigine seretmezden, yza çekilmäň, duşmanyň ýalanyna ýol bermäň, ony Hudaýyň hakykaty bilen paş ediň, onsoň bolsa çagaňyzyň ýüregine Öz söýgüsini seçip, çagaňyzyň öz söýgiňizi hem kabul edip bilmekligi üçin dileg ediň. Dilegden başga-da, çaga bolan söýgiňizi bakmaklyk, gujaklamaklyk, ogşamaklyk, sypalamaklyk bilen, şeýle-de hereketleriňizde, işleriňizde we sözleriňizde beýan etmäge çalşyň. Haçanda men çagalarymy sypalap, olaryň gözlerine göni bakyp: «Men seni söýýärin. Sen berekella» diýenimde, oglumyň ýa-da gyzymyň özüni alyp barşynyň we ýüz-keşbiniň üýtgeýändigine üns berdim. Şeýle etmäge synanyşyň we özüňiz göz ýetirersiňiz. Belki-de, siz başda näsazlygy başdan geçirersiňiz, çünki bu hem siziň özüňiz, hem-de çagaňyz üçin has täze zatdyr, çünki siziň çagaňyz bireýýäm ýetginjek ýa-da uly ýaşyndadyr, ýöne şonda-da utanjyňyza döz gelip, hereketleriňizde berk boluň. Eger şeýle etmeklik siziň üçin kyn bolýan bolsa, onda munuň üçin güýç bermekligi hakynda Hudaýa dileg ediň. Öz hereketleriňiziň ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň ýüreginde ýer tapmaklygy üçin dileg ediň. Eger çagaňyza bolan söýginiň ýoklugyny duýýan bolsaňyz, onda Mukaddes Ruhdan ol söýgini diläň. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» (Rimliler 5:5). Beýleki adamlara hem ýaýramaklygy üçin Hudaý Öz söýgüsi bilen siziň ýüregiňizi doldurmak isleýändir. Öz çagaňyz hakynda dileg etmeklik bilen siz diňe bir Hudaýyň söýgüsini kabul etmän, eýsem ol söýgini ençeme esse köpeldýänsiňiz. Şonuň üçin hem ol söýgi siziň ýüregiňiziň çäklerinden dökülýändir. Dileg Eý Hudaý, men çagamyň (ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň ady) özüni söýgüli we gerekli duýmaklygy hakynda dileg edýärin. Onuň ýüregini söýgüden hut şu wagtyň özünde doldur we Seniň söýgiňiň neneň beýik we çäksizdigine düşünip bilmekligine kömek et. Bizi şeýle söýüp, biziň üçin hatda Özüňiň ýeke-täk Ogluňy berendigiň hakynda Seniň Sözüňde aýdylýandyr (Ýahýa 3:16 seret). Ýüreginde şübhäniň tohumlaryny etmeklik maksady bilen şeýtanyň ulanýan ýalanlaryndan çagamy gorap sakla. Isa şeýle diýipdi: «Atamyň Özümi söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň» (Ýahýa 15:9). Eý Hudaý, Dawut bilen bilelikde: «Ertirine merhemetiňi maňa eşitdir, çünki men Saňa bil baglaýaryn; ýörejek ýolumy maňa bildir, çünki men janymy Saňa tabşyrýaryn» (Mezmur 143:8) diýip bileri ýaly, çagamyň (onuň ady) Seniň söýgiňde galyp bilmekligine kömek et. Oňa bolan söýgiňiň çäksizdigini görkez we bu söýgiňi onuň kabul edip bilmekligine kömek et. Men Senden haýyş edýärin: Seniň ony söýşüň ýaly, meniň hem ony şertsiz söýüp bilmekligime öwret. Onuň duýup bileri ýaly edip, oňa bolan söýgimi aýan edip bilmekligime kömek et. Seniň özüni güýçli söýýändigiňi duýary ýaly, Seniň söýgiňi nädip oňa bermelidigimi maňa öwret. Maşgalamyň ähli agzalarynyň çagamy öz bolşy kimin kabul edip, ony söýmekleri hakynda dileg edýärin we goý, meniň oglum (gyzym) beýleki adamlar tarapyndan hormata we goldawa eýe bolsun. Heniz bolsa çagamyň özüniň söýgülidigine bolan ynamy artýarka, ol söýgi bilen beýlekiler bilen hem arkaýyn paýlaşyp bilmeklik ukyby oňa ber. Goý, onuň ýüregi şu söýgüde açylsyn. Isa Mesihiň ady bilen Saňa dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin, Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi. Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur. Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys. 1 Ýahýa 4:9–11 Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Kanun taglymaty 7:6 Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. 1 Ýahýa 4:16 Emma biz, eý Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen gutulmagyňyz üçin başlangyçdan saýlady. 1 Selanikliler 2:13 Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun! Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady. Söýgüli Oglunda bize beren şöhratly merhemetiniň öwgüsi üçin, bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi. Efesliler 1:3–6 5-NJI BAP NÄDIP BAKY GELJEK BARADA YNAMLYLYGA EÝE BOLMALY Ilki bilen biz çagalarymyzyň Isany öz Halasgärleri hökmünde kabul etmeklerini isleýändiris. Diňe şonda biz olara baky durmuşyň wada berlendigine ynamly bolup, ölümden soň olar bilen göklerde duşuşjakdygymyzy bilýändiris. Bu neneň täsin umyt! Debbi Bun we onuň äri Gabri biziň «Öz çagalarymyzyň durmuşlary üçin töwellaçylyk edeliň» atly dileg ýygnanyşyklarymyza gatnaýardylar. Olar Debbiniň ýerine ýetirmekligi üçin bir aýdymy ýazmaklygy menden haýyş etdiler. Debbi bu aýdym arkaly ata-eneleriň iň gizlin duýgularyny çagalara aýan etmek isleýärdi. Men şeýle aýdymyň sözlerini ýazdym we ony «Hemmelerden beýikdir» diýip atlandyrdym; ärim bu sözleri saza goşdy, Debbi bolsa bu aýdymy ýazdyryp, indi bolsa özüniň çykyşlarynda ýerine ýetirýär. Bu aýdymyň sözleriniň her bir Hudaýa ynanýan ata-enäniň pikirlerini beýan edýändigini men bilýändirin. Ine, olar: Näçe köp söz diýmeli, emma öňde bolsa diňe gysga durmuş bar. Wagt nähili tizlik bilen geçýändir! Eger bu meniň ygtyýarymda bolsa, onda seni gujagymda saklardym, Durmuş howplaryndan seni gorardym. Men mydama seniň bilen bolup biljek däl, eý balam, Emma men saňa aýdyp biljekdirin ençeme sözleri. Her bir umyt öleninde, bu sözler baky ýaşar. Ilki bilen, eý balam, şuny berk ýatda saklagyn: Hudaý seni hiç-de taşlaýan däldir. Oňa bak, çünki Ol hemmelerden beýikdir. Ol seni goraýan söýgiň Özüdir. Ýüregi-de aladaňy edýändir. Eger sen garaňky gijede azaşaýsaň-da, Ol mydama ýanyňda, ýatdan çykarma. Ol — seniň baky Ataň, Onuň elinden sen asla gaçmarsyň. Ol — bütin älemiň Hökümdarydyr; çünki Ol hemmelerden beýikdir. Ol — seniň şatlygyň çeşmesi, gaýgylaryň Tesellisi; Hemmeler hem Oňa tabyn bolarlar, çünki Ol hemmelerden beýikdir. Ol — Şalygyň Hökümdary, Seniň üçin doglanyňdan taýyndyr, Ýumşak ýüregiňe Ol garaşyp dur, çünki bu Onuň üçin hemme zatdan beýikdir. Ýene köp diýjekdim, emma wagtym ýetmeýär. Ýöne Hudaýy söý, çünki Ol — hemmelerden beýikdir. Biziň çagalarymyz bäş ýaşlaryndaka, Isany öz durmuşlaryna çagyrmaklyk kararyny kabul etdiler. Biz olara Hudaý hakynda gürrüň berýärdik, mukaddes kitap gürrüňlerini ses bilen okap berýärdik, olar bilen günde dileg edýärdik we olary hemişe ýygnaga alyp barýardyk. Ýygnakda bolsa olary Hudaýyň yzyna eýermeklige öwredýärdiler. Kristofer bilen Amandanyň ýürekleri Isany kabul etmeklige bireýýäm taýyndy, emma biz bu pikir bilen ylalaşmaga olary mejbur etmeýärdik. Munuň deregine, biz olaryň ýüreklerine Hudaýyň öwrediji sözleriniň aralaşyp, olarda Özi bilen gürrüňdeş bolmaklyk islegini döretmegi hakynda mydama dileg edýärdik. Biz hiç kimiň goldaw bermezinden, olaryň karary özbaşdak kabul etmeklerini isleýärdik. Ahyrynda bu wagt geleninde, Kristofer bilen Amanda bize Isa hakynda soraglar berip başladylar. Gürrüňiň soňunda bolsa Isany özleriniň Halasgäri hökmünde kabul edip bilmekleri üçin biziň dileg etmegimizi haýyş etdiler. Oglumyz bilen gyzymyzyň geljekleriniň halas bolandygyny bilip, biziň ata-ene ýüreklerimiz şatlykdan doldy. Çagalaryňyzyň näçe ýaşyndadyklarynyň parhy ýokdur, çünki olaryň halas bolmaklary üçin dileg edip başlamaklyk üçin hiç wagt-da ir hem däldir, giç hem däldir. Isa şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» (Ýahýa 3:3). Ol şeýle-de: «Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar» diýdi (Ylham 3:20). Biz çagalarymyzyň öz ýüreklerini Isa üçin açyp, olaryň hem bu durmuşda, hem-de geljekki durmuşda Hudaýyň patyşalygyna girmeklerini isleýändiris. Şuny biliň: eger siz öz çagalaryňyzyň baky geljegi hakynda dileg etmeseňiz, onda ol geljek hiç haçan hem gelmez. Çagalaryň Hudaýa ynananlaryndan soň, ata-eneler olar bilen Hudaýyň arasynda ýerlikli gatnaşyklaryň ýola goýulmaklary üçin dileg etmelidirler. Heniz kiçi ýaşlaryndaka, Hudaý bilen gezip, ulalyp, ýetginjekler we uly ýaşly adamlar bolanlaryndan soň olaryň Hudaýdan ýüz dönderendikleri hakynda biz näçe gezek eşidýäris? Biz çagalarymyzyň şu aýada laýyk gelmeklerini isleýändiris: «Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga etmegiň, bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegiň yzyny üzmeýäris. Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmegiňiz, her oňat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda ösmegiňiz, Onuň şöhratly gudratyna görä, bütin sabyr, çydam üçin, her hili güýç bilen güýçlenmegiňiz üçin dileg edýäris» (Koloseliler 1:9–10). Pawlus bilen Timoteos Hudaýyň Kolosedäki perzentleri üçin şeýle dileg edipdiler, biz hem edil şeýle ýagdaýda öz çagalarymyz üçin dileg etmelidiris. Rebbimiz Isa Mesihiň durmuşy biziň hemmämiz üçin diri suwuň çeşmesi kimin bolup durýandyr. Ol çeşmeden biz günde özümiz üçin täze-täze açyşlary edip bilýändiris. Bu çeşme biziň bir bölegimiz bolup durýandyr. Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň çagalarymyzyň durmuşlaryna aralaşmagy üçin biz mydama dileg etmelidiris. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň oglumyň (gyzymyň) Seni tanamaklygyna kömek etmegim hakynda soraýaryn. Onuň ýüregini aç we ony Özüň hakyndaky hakykata doly düşünmeklige alyp bar. Eý Hudaý, Sen Öz Sözüňde şeýle diýipdiň: «Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň» (Rimliler 10:9). Men öz çagamyň ynamyny Seniň berk etmekligiň hakynda dileg edýärin: goý, bu ynam oňa Seni Öz Halasgäri hökmünde kabul edip bilmegine kömek etsin; goý, ol Mukaddes Ruhdan dolup, öz durmuşynyň hökümdary hökmünde Seni kabul etsin; goý, onuň ýüreginde Seniň ýollaryňy saýlamak we olar bolýunça ýöremeklik islegi ýaşasyn. Oglumyň (gyzymyň) hut şu wagt baky we bolelin durmuşa eýe bolmaklygy üçin Isanyň Öz durmuşyny pida edendigine onuň çyn ýüreginden ynanyp bilmegine kömek et. Özüni günäkär duýmaklyk duýgusynyň özünden hemişelik aýrylmagy üçin, oglumyň (gyzymyň) ähli günälerini bagyşlandygyňa ynanyp bilmekligine kömek et. Seniň erkiňi bilmekligi üçin we ähli zatda Saňa ýaranjaňlyk edip, alnyňda arassaçylykda gezmekligi üçin, oglumyň (gyzymyň) oňat miweler getirip, mydama Seni tanamaklykda ösmegine kömek et. Meniň neslime Özüňiň Mukaddes Ruhuňy inderjekdigiňi Sen Öz Sözüňde aýdypdyň (Iýaşa 44:3 seret). Men Senden haýyş edýärin: hut şu günüň özünde meniň çagama Öz Mukaddes Ruhuňy inder. Eý Hudaý, çagamyň baky geljegi hakynda menden-de artyk alada edýändigiň üçin men Saňa gaty minnetdardyryn. Çagamyň (onuň ady) hiç haçan hem Saňa şübhelenmän, özi üçin kesgitlän ýoluňdan onuň çykmazlygy üçin men Saňa Isa Mesihiň ady bilen dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Atanyň islegi Ogly görüp, Oňa iman eden her kesiň ebedi ýaşaýşynyň bolmagydyr. Men ahyret güni ony gaýtadan direlderin. Ýahýa 6:40 Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr. Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir. 1 Timoteos 2:3–4 Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr. 1 Ýahýa 5:20 Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. 1 Ýahýa 5:11 Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Ýahýa 14:16–17 6-NJY BAP NÄDIR ÖZ ATA-ENESINE HORMAT GOÝMAKLYGY ÇAGA ÖWRETMELI WE GULAK ASMAZLYGA NÄDIP GARŞY DURMALY Özüňe hormaty talap etmeklik — bu geň zat dälmi näme? Bir-biriňe hormat goýmalydygy hakynda adamlara ýatlatmaklyk ýerliklimi näme? Hawa, eger gürrüň ýat adamlar hakynda gidýän bolsa, onda bu şeýledir. Emma gürrüň biziň çagalarymyz hakynda gidýän bolsa, onda bu şeýle däldir. Çünki çagalarymyzy muňa entek öwretmelidiris. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr. „Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla“. Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur» (Efesliler 6:1–3). Eger biziň çagalarymyz Hudaýyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmeýän bolsalar, onda olar diňe bir Hudaýyň patalaryndan mahrum bolman, eýsem olaryň durmuşmaly hem gysga bolýandyr. Mukaddes Kitap şeýle duýduryş berýär: «Atasyna ýa enesine gargaýanyň çyrasy tüm garaňkylykda söndüriler» (Süleýmanyň tymsallary 20:20). Çagalarymyzyň durmuşlaryna täsir etmekligiň biziň öz ygtyýarmyzdadygyna düşünip, biz olar hakynda dileg edip, olary tertipli bolmaklyga çagyryp, terbiýe bermeklige biz borçludyrys. Emma biz şeýle-de garşylyk görkezmeklik ruhuny hem tapawutlandyryp bilmeklige borçludyrys. Bu garşylyk görkezmeklik ruhy biziň çagalarymyzyň ýüreklerine duýdansyzlyk bilen aralaşyp, olary hakykatyň ýolundan çykarmagy mümkindir. Biz muňa garşy durmalydyrys. Gulak asmazlyk — bu herekete getirilen tekepbirlikdir. Gulak asmazlygyň ruhy şeýle diýýär: «Hudaýyň we beýleki adamlaryň näme pikirdediklerine seretmezden, men özümiň diýenimi ýerine ýetirmek isleýärin». Mukaddes Kitap şeýle öwredýär: «…topalaň palçylyga barabar günädir…» (1 Şamuwel 15:23). Çünki bularyň ikileriniň hem netijesi Hudaýy bütinleý kabul etmezlikdir. Hut şol aýatda ýene şeýle diýilýändir: «Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr». Tekepbirlik adamy garşylyk görkezmäge alyp barýandyr, topalaňçylyk bolsa adama toba etmäge päsgel berip, Hudaýyň öňünde tabyn bolmaga ýol bermeýändir. Boýun bolmazak adam nähilidir bir buta sežde edip bilýändir. Eger çagalar öz ata-enelerine hormat goýmaýan bolsalar, onda bu ilki bilen olaryň ýüreklerinde nähilidir bir butuň bardygynyň alamatydyr (galyberse-de, şeýle çaganyň ýaşynyň hiç hili parhy hem ýokdur). Bu butlaryň atlary hem mälimdir: tekepbirlik we özüňi söýmeklik. Şonuň üçin hem eger çagalar öz ata-enelerine hormat goýmaklyga öwrenilmeseler, onda olar Hudaýa boýun bolmazaklar bolýandyrlar. Olar: «Men islän zadymy islän wagtymda etjekdirin» diýýändirler. «Pitneçi ogullaryň halyna waý! Reb diýýär: olar öwüt alýarlar, ýöne Menden däl; äht baglaşýarlar, ýöne günä üstüne günä goşjak bolup, Meniň Ruhum bilen däl» (Işaýa 30:1). Biziň dileglerimiz tekepbirligiň we ýeke özüňi söýmekligiň butlaryny ýer-ýegsan edip, çaganyň ýüregindäki boýun bolmazlygyň ruhuny ýeňmeklige ukyklydyr. Boýun bolmazlygyň garşydaşy — bu gulak asmaklyk ýa-da Hudaýyň ýollaryndan ýöremeklikdir. Gulak asmaklyk adama doly howpsuzlygy we özüniň dogry ýerde bolup, dogry hereket edýändigine ynamlylyk berýändir. Mukaddes Kitap gulak asmaklygyň sylagy hökmünde patany wada berýändir, başga ýagdaýda bolsa — garaňkylygy we ölümi. Çagalarymyzyň özlerine ynamly bolmaklary, özlerini howpsuzlykda duýmaklary, durmuşlarynyň uzak bolmaklygy, ýüreklerinde bolsa mydama parahatlygyň bolmaklygy üçin olaryň Hudaýa gulak asyjylar bolmaklaryny isleýändiris. Hakyky gulak asmaklygyň ilkinji ädimleriniň biri — bu ata-eneňe boýun bolup, olara hormat goýmaklyga taýyn bolmaklykdyr. Ýöne muňa çagany öwretmelidir, eger dileg edilende bolsa, öwretmekligiň dowamlygyny has ýeňilleşdirip bolýandyr. Biziň oglumyzyň on dört ýaşy dolanynda, ol öz otagynyň diwarlaryny söýgüli aýdymçylarynyň suratlary bilen doldurdy. Ýöne ol adamlaryň geýimleri, özlerini alyp baryşlary, galyberse-de, olaryň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň manylary ata-eneler bolan biziň üçin gaty masgaralaýjydy we Hudaýy hiç-de şöhratlandyrmaýardy. Biz Kristofer bilen gürrüň edip, ol suratlary diwardan aýyrmagyny haýyş edenimizde we munuň sebäbini düşündirenimizde, ol ilki bilen biziň haýyşymyza gulak asmajak boldy, emma birsalymdan soň özüniň nägileligi bilen boýun boldy. Birnäçe wagtdan soň ol ýene-de diwarlary suratlardan doldurdy. Bu öňki suratlar däl-de, bagşady, emma öňkülerinden azajyk hem oňat däldi. Bu gezek biz has çözgütlidik we berk hereket etdik — ol suratlaryň baryny biziň özümiz diwarlardan aýyrdyk. Bu Kristofer üçin ýeňil bolmadyk pursatlardy. Biz gulak asmazlygyň ruhunyň birinji gezekki aýan bolmaklygy bilen iş salyşýandygymyza düşündik we şonuň üçin hem edil Hudaýyň aýdyşy ýaly hereket etmekligi çözdük: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň» (Efesliler 6:11). Biz dileg edip, Hudaýyň Sözüne ýüz tutduk, bu böwetleri ýeňip geçmeklik üçin Hudaýyň özümize güýç berendigini biz yglan etdik. Biz söweşi Ruhda alyp bardyk we ýagdaýa Hudaýyň neneň ýolbaşçylyk edýändigine üns berdik. Biziň oglumyzyň keýpi üýtgedi we indiki gezek ol biziň ata-ene talaplarymyza laýyk gelýän suratlary ýelmedi. Bu biziň dileglerimiziň netijesindäki Hudaýyň güýjüniň göni hereketidi. Şu gün suratlar bilen bolan waka gaty bir uly ähmiýete eýe däl ýaly bolup görünýär, emma şol wagt biz ata-enäniň we Hudaýyň erkinden üstün çykjak bolýan garşylyk görkezmekligiň güýçli ruhuna gabat gelipdik. Ol ruhuň öz hukuklarynda berk kök urup ýetişmänkä, biz oňa mynasyp garşylygy görkezdik. Biz bu söweşde özümiziň ýeňmelidigimizi bilýärdik, çünki Hudaý we Onuň Sözüniň özümiziň tarapymyzdadygyny, şeýle-de, oglumyzyň baky geljeginiň uly howp astyna düşendigini biz bilýärdik. Eger siziň çagaňyz bireýýäm ýetginjek bolsa ýa-da uly ýaşly hem bolsa we siz onuň boýnyýogyn bolup, gulak asmazlyk ýolundan gidýändigine üns beren bolsaňyz, onda siz ata-ene hökmünde öz çagaňyza berk talap ediji bolmalysyňyz. Şeýlde-de, siziň tarapyňyzdaky güýçli ýarag bolan dileg hakynda hem ýadyňyzdan çykarmaly dälsiňiz. Ýadyňyzda saklaň: siz özüňiziň hususy ogluňyz ýa-da gyzyňyz bilen söweşýän dälsiňiz: «Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efesliler 6:12). Siz duşman bilen söweşýärsiňiz. Biziň bagtymyza, Isa bize «duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar» berendir (Luka 10:19 seret). Şonuň üçin gorkman we şübhelenmän, size berlen bu ygtyýarlykdan peýdalanyň. Gulak asmazlygyň ruhy siziň çagaňyzyň häsiýetinde dürli wagt hem peýda bolup bilýändir, emma biz ony dileg we Hudaýyň Sözi bilen ýeňmäge taýyn bolýandyrys. Şunuň bilen birlikde, terbiýäniň tertiplilik we öwüt-nesihat ýaly usullaryny hem ýadymyzdan çakarmaly däldiris. Goý, sizi çagaňyzyň pitneçiligi howsala salmasyn. Isa Mesihiň hemmeleriň Hökümdarydygyny ýadyňyzda saklaň. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň çagamyň (çagaňyzyň ady) ýüreginde Saňa boýun bolmaklyk islegini döret. Bu ýürege Seniň bilen, Seniň Sözüň bilen dilegde Seniň sesiňi eşidip, wagt geçirmeklik islegini ber. Çagamyň ýüreginiň töründe bişip ýetişip barýan boýun bolmazlygyň her bir gizlin dänesini Öz yşygyň bilen ýagtylandyr. Goý, onuň boýun bolmazlygy aýan bolup, dargadylsyn. Eý Hudaý, men öz çagamyň ýüreginde hiç haçan hem tekepbirligiň, diňe özüni söýmekligiň we gulak asmazlygyň peýda bolmazlygy hakynda dileg edýärin. Isanyň özüme beren ygtyýarlygy bilen men duşmanyň ähli güýçlerine garşy çykýaryn we butparazlygyň, gulak asmazlygyň, boýnyýogynlygyň, hormatsyzlygyň ruhuna garşylyk görkezýärin. Goý, meniň çagam olaryň nämedini bir ömür hem bilmesin we bu ölüm ýolundan onuň aýaklary hiç haçan hem ýöremesin. Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr» (Koloseliler 3:20). Men Senden haýyş edýärin: oglumyň (gyzymyň) ýüregini ata-enesine tarap öwür we durmuşynyň uzak we şöhratly bolmaklygy üçin, oňa öz ata-enesine hormat goýmaklygy öwret. Ähli işleriniň we hereketleriniň Saňa ýaramagy üçin, onuň ýüregini Özüňe tarap öwür. Tekepbirligiň we boýun bolmazlygyň ruhlaryny alamatlandyryp, olara garşy durmaklygy, toba etmekligi we olardan azat bolmaklygy çagama öwret. Ony her günä bilen ylalaşmaz ýaly et. Seniň öňüňde pes göwünli bolup gezmekligiň owadanlygyny duýmaklygyna kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Eger göwünjeň bolup diňleseňiz, ýeriň näzi-nygmatyny iýersiňiz. Eger-de boýun gaçyryp, pitne turuzsaňyz, sizi gylyç symyşlar; çünki Rebbiň agzy şeýle diýýär. Işaýa 1:19–20 Olar garaňkylykda, ölüm kölegesinde ýaşadylar, demir zynjar bilen baglanyp, muşakgat içinde ýesirlik çekýärdiler. Çünki olar Hudaýyň sözlerine garşy pitne turuzdylar, hemmeden beýik Bolanyň öwüdini äsgermezlik etdiler. Olaryň ýüregini agyr iş bilen çökerdi; olar ýykyldylar, ýardam eden bolmady. Mezmur 107:10–12 Atasyny masgaralap, enesiniň diýenini etmegi har edýän gözi dere gargalary oýar, bürgüt çagalary iýer. Süleýmanyň tymsallary 30:17 Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama. Olar başyňa gözel täç, boýnuňa monjuk bolar. Süleýmanyň tymsallary 1:8–9 Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa garşy uly küpür işler etdiler. Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň zerarly, olary halas eder ýaly halasgärler berdiň. Nehemýa 9:26–27 7-NJI BAP GARYNDAŞLAR BILEN OŇAT GATNAŞYKLARY NÄDIP SAKLAMALY Birnäçe ýyl mundan ozal men özümiň aýal doganym bilen çynlakaý jedelleşipdim. Bary biziň öz aramyzdaky garyndaşlyk gatnaşyklaryny bozmaklygymyz bilen gutardy we ol iki ýyllap dowam etdi. Onuň sebäbi bolsa, ikitaraplaýyn düşünmesizlik boldy. Öýkeler ýakyn adamyňyň ýüreginde bolup geçýänlere düşünmeklik ukybyndan bizi aýra düşürdi. Bir maşgalada terbiýelenendigimize seretmezden, biziň her birimiz dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýardyk. Bularyň bary meni gaýgylandyrýardy we men aramyzdaky jedelleriň ýok bolup, doly ylalalaşyga gelip, ýaraşanymyza çenli dileg etmekligimi bes etdirmedim. Eger bizde Hudaýa ynanýan we dileg edýän ata-enemiziň bar bolanynda, onda ýagdaýyň şeýle bolmajakdygyna men doly ynamlydyryn. Duşmançylygy orta atyp, düşünmesizligiň tohumlaryny etmeklik niýeti bilen biziň janlarymyzyň duşmany Hudaý tarapyndan dikeldilen gatnaşyklaryň ortarasyna aralaşmagy isleýändir. Ol maşgalalary dargatmaklyk maksadyna näçe tiz ýetdigiçe, maşgalanyň agzalary şonça-da ejiz we ýaragsyz bolýandyrlar, şonça-da tiz olaryň durmuşlarynyň ýolbaşçylygyny duşman öz eline alýandyr. Munuň garşysyna bolan biziň ýeke-täk serişdämiz — bu biziň dileglerimizdir. Öz maşgalalarymyz we ärimiz, aýalymyz, çagalarymyz bilen birlikde ähli garyndaşlarymyz üçin dileg etmeklik bilen, biz öz gatnaşyklarymyzy şeýtanyň dargatmaklyk mümkinçiligine garşylyk görkezip bilýändiris. Biziň gyzymyz doglanynda, oglumyz dört ýaşyndady. Ilki başdan başlap, men Kristofer bilen Amandanyň ýakyn dost bolmaklary hakynda dileg etdim we munuň üçin elimden gelenini etdim. Hakykatdan-da, ilkinji ýyllar olaryň dostlugy şeýle bir berkdi welin, hatda töwerekdäki adamlar hem muňa üns berýärdiler. Emma Kristoferiň ýetginjeklik döwrüne gadam basany dessine, bary üýtgedi. Onuň täze dostlary we täze gyzyklanmalary peýda bolup başlady we özüniň gyz jigisi üçin onuň wagty gaty az bolup başlady. Amanda üçin doganynyň ýetginjek ýaşlaryndaky dostlarynyň degişmeleri düşnükli däldi. Özüni gerekli däl hasaplap, Amanda Kristoferden daşlaşyp başlady. Bularyň bary meni gaty gaýgylandyrýardy we men öz üstüme kazynyň işini almaly boldum. Ýöne ajaýyp günleriň birinde men özümiň ýalňyşlygymyň nämededigine düşündim: bu wakalardan öň men Kristofer bilen Amandanyň gatnaşyklarynyň gaty oňatdygyna üns berip, olar hakynda dileg etmekligimi bes etdiripdim. Indi bolsa men öz ýalňyşlygyma göz ýetirip, ýene-de dileg etmegimi dowam etdirdim. Ýuwaş-ýuwaşdan ýagdaý üýtgäp başlady, gapma-garşylyklar ýumşaýardy, olaryň bir-birlerine bolan gatnaşyklarynda ýylylyk peýda bolup başlady. Eger men hereketsiz bolmagymy dowam etdiren bolsadym, onda edil özümiň doganym bilen bolşy ýaly, çagalarymyň hem gatnaşyklarynyň şeýle netije bilen gutarjakdygyna ynamlydyryn. Şu gün çagalarymyň gatnaşyklarynyň kämillikden has-da uzakdygyna seretmezden, olar täzelenýärler we berkeýärler. Men bolsa ömrümiň ahyryna çenli olar hakynda dileg etmekligimi dowam etdirerin. Özleri üçin dileg edilmeýändigi zerarly näçe maşgalalar ykbalyň erkine taşlanandyr? Munuň gaty kändigini men bilýärin. Maşgalanyň dargandygyny we bir öýde ulalan ýakyn adamlaryň aralarynda hiç bir umumy zadyň ýokdugyny boýun almaklyk gaty gaýgylydyr. Bularyň öz çagalarymyz bilen hem bolýandygyny görmeklik neneň ajydyr! Emma beýle bolmaly däldir. Işaýa pygamberiň kitabynda Hudaý dileg edip, oraza tutýanlaryň durmuşlarynda täsinlikleriň bolup geçýändigi hakynda gürrüň berýär: «Senden önenler köne harabalary abatlar; sen köp nesilleriň düýbüni tutarsyň; saňa jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin ýodalary düzedýän diýerler» (Işaýa 58:12). Geljekki nesillerde ruhy birligiň saklanmagy üçin Hudaýyň erki bilen döredilen maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklaryny «dikeldijileriň» özümiz bolmagymyzy Hudaý isleýändir. Mukaddes Kitap şeýle-de: «Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň» diýýär (Rimliler 12:16). Biziň üçin pesgöwünlilik we birlik hakynda dileg etmeklik gaty wajypdyr. Isa şeýle diýdi: «Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Matta 5:9). Geliň, parahatlyk döredijiler bolalyň: çünki biz bu dünýäde gaty köplükdiris ahyryn; «Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň» (Rimliler 14:19). Geliň, özümiz üçin ähli zatdan hem gadyrdan bolan çagalarymyz üçin dileg etmäge başlalyň. Onsoň bolsa beýleki garyndaşlarymyz üçin hem dileg etmeklige öwreneris. Dileg Eý Hudaý, men öz maşgalamyň ähli agzalarynyň arasyndaky oňat gatnaşyklaryň saklanmaklygy hakynda dileg edýärin. Bizi her bir ýamanlykdan gora, köne düşünmesizlikleri we her bir çözülmedik jedelleri aradan aýyr. Meniň çagalarymyň ýüreklerini Öz çäksiz söýgiň we maşgalanyň her bir agzasyna bolan söýgi bilen doldur. Olary bagyşlap bilmeklige öwret. Aýratyn hem men (çagaňyzyň ady) bilen (maşgala agzaňyzyň ady) arasyndaky söýginiň berk we mydamalyk, ýakyn we ýyly gatnaşyklaryny dikeltmekligiň üçin dileg edýärin. Goý, olar mydama bir-birlerine düşünişip bilsinler, goý, olaryň ýüreklerine hiç haçan hem gazap aralaşmasyn. Olaryň aralaryndaky Seniň döreden gatnaşyklaryňyň hiç haçan hem dargamazlygy üçin bir-birlerini söýmeklerine we hormat goýmaklaryna kömek et. Goý, Seniň Sözüňiň: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (Rimliler 12:10) diýip öwredişi ýaly, olar bir-birlerine hormat goýsunlar. Çagamyň garyndaşlary bilen bolan düşünmesizliklerini Seniň Sözüňde aýdylyşy ýaly çözüp bilmekligine kömek et. Eger olar bir-birlerinden daşlaşýan bolsalar, eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: olaryň gatnaşyklaryndaky päsgelçiligi aýryp, olara şypa ber. Senden haýyş edýärin, goý, olaryň dostlugynda hiç hili düşünmesizlige, gapma-garşylyklara, dürli pikirde bolmaklyga orun bolmasyn we goý, olaryň gatnaşyklary berk bolsun. Meniň çagama bagyşlamagy we ylalaşyp bilmekligi öwret. Seniň Sözüň bize şeýle nesihat berýändir: «…baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň» (1 Petrus 3:8). Çagama «Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat» (Efesliler 4:3) edip, adamlar bilen gatnaşyk etmekligi öwret. Isa Mesihiň ady bilen Saňa dileg edýärin: goý, meniň oglum (gyzym) ähli garyndaşlaryna bolan söýgini we rehimdarlygy bilsin we goý, düşünişmeklik bilen rehimdarlyk edil berk ýüp kimin maşgalamyň ähli agzalaryny daňsyn. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler. Matta 5:9 Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly! Mezmur 133:1 Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly, çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin. Rimliler 15:5–6 Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň. Rimliler 12:18 Eý doganlar, hemmäňiziň diliňiz bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we bir islegde birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin. 1 Korintoslylar 1:10 8-NJI BAP HUDAÝA YNANÝAN DOSTLARY TAPMAKLYGA NÄDIP ÇAGA KÖMEK ETMELI Men öz çagalarymyň dostlary üçin mydama dileg edýärdim we köplenç olaryň dostlary täsin oglanlardylar. Ýöne käwagtlar Kristofer bilen Amandada şeýle bir dostlary bolýardy welin, men, edil ene hökmünde, olaryň gatnaşyklaryny makullamaýardym. Ol çagalaryň maňa ýaramadyklary üçin däl, ýok, maňa ol çagalaryň öz çagalaryma edýän täsirleri ýaramaýardy. Emma meniň ýeke-täk serişdäm hemişekisi ýaly dilegdi. Men çagamyň şeýle dostunyň ýa-da üýtgemekligi hakynda, ýa-da onuň durmuşyndan hemişelik aýrylmagy üçin dileg edýärdim. Her hili ýagdaýda-da, men öz dileglerime jogap alýardym. Birnäçe gezek ol çagalaryň durmuşlary giden bir kynçylyga öwrüleninde, meniň howsalalarymyň esaslandyrylandygyny wagt tassyklady. Kada bolşy ýaly, ata-eneler özleriniň çagalarynyň dostlaryna gabanjaňlyk bilen seredýändirler. Aýdylyşy ýaly, olar howpy «içden» duýýandyrlar. Şeýle pursatda ýagdaýa dogry düşünip bilmekligiňiz üçin Mukaddes Ruhdan kömek sorap, şoňa laýyklykda dileg etmelisiňiz. Biziň durmuşymyzyň iň tolgunly ýagdaýy maşgalamyz bilen Kaliforniýadan Tennessi ştatyna gözmegimiz boldy. Biz bu çynlakaý karary oglumyzyň hut mekdebi gutaryp barýan pursadynda, gyzymyzyň bolsa ýaňy ýedinji synpa geçen mahalynda kabul edipdik. Ýagny bu okuw jaýyny çalyşmaklygyň iň oňat bolmadyk wagtydy. Elbetde, hut şol pursat men mekdebi çalyşmak islemeýärdim, emma men ärim bilen şu göçmekligimizde Hudaýyň erkiniň bardygyna anyk düşünýärdik. Bu ädimiň agyrylydygyny bilip, men göçmezimiziň birnäçe aý öňünden dileg edip başladym we şondan soň hem dileg etmegimi dowam etdirdim: «Eý Hudaý, çagalarymyň täze mekdepde Saňa ýaraýan dostlary tapyp bilmeklerine kömek et. Özümizi şu ýere Seniň getirendigiňi men bilýärin we Sen meniň çagalarymy taşlamarsyň. Olaryň özleriniň gatnaşyga ymtylmalarynda öz boýdaşlarynyň arasyndan ahlaklylygy Seniň talaplaryňa dogry gelmedik dostlary tapynmaklaryny islemeýärin. Çagalarym üçin oňat mysal bolup durýan dostlary olaryň durmuşlarynda peýda et». Ilkinji alty aýda Kristofer bilen Amanda özlerini ýeke duýdular, men bolsa şol günler şu mätäçlik hakynda dileg edip, ençeme ukusyz gijeleri geçirdim. Men özümi bütinleý ejiz duýýardym. Men olaryň durmuşlaryna aralaşyp, kiçi wagtlaryndakysy ýaly olar üçin dostlary tapyp bilmeýärin ahyryn! Emma eger-de men bu iş bilen meşgul bolaýanymda-da, men Hudaýyň öz dileglerime edenleriniň hiç birini hem hiç haçan hem edip bilmezdim. Ahyrynda Kristofer bilen Amandada dostlary peýda boldular we ol dostlar çagalarymyň durmuşlaryndaky iň oňat dostlar boldular. Bu ýöne bir tötänlik däl-di, bu adaty «şatlykly gutarmady» — bu meniň töwellaçylyk bilen eden dileglerimiň, gözýaşlarymyň we: «Eý Hudaý, Saňa ýaraýan we Kristofer bilen Amanda üçin oňat mysal bolup bilýän dostlary çagalarymyň tapyp bilmeklerine kömek et» diýip, Hudaýa eden haýyşlarymyň miweleridi. Bu barada Mukaddes Kitap bize şeýle diýýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar? Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar?» (2 Korintoslylar 6:14–15). Bu sözlerde ynanmaýan dostlar bilen gatnaşyk etmeklik gadagan diýilýän däldir, emma biziň ýakyn dostlarymyzyň diňe ynanýan adamlar bolmalydygy hakynda anyk görkezme bardyr. Mukaddes Kitap şeýle soraýar: «Ylalaşmazdan iki adam bilelikde ýörärmi?» (Amos 3:3). Şeýle jogap berýär: «Elbetde ýok, çünki „Dogry adam goňşusyna ýol görkezýändir; erbetleriň ýoly bolsa olary azaşdyrýandyr“» (Süleýmanyň tymsallary 12:26). Eger siziň çagaňyzyň ýakyn dosty bolmasa, bu mätäçlik hakynda hut şu wagtyň özünde dileg edip başlaň. Olaryň ynanmaýan dostlarynyň Hudaýa ynanmaklary we çagalaryňyzyň durmuşlaryna täze ynanýan dostlaryň girmekleri üçin dileg ediň. Bir zatlary üýtgetmekde we öz çagalaryny käbir ýaman adamlaryň täsirlerinden goramaklykda käbir ata-eneler köplenç özlerini ejiz duýýarlar. Ýöne biz ejiz däldiris. Biziň tarapymyzda Hudaýyň güýji we Onuň Sözüniň hakykaty bardyr. Eger kimdir biri siziň çagaňyzy hakykat ýolundan äkidýän bolsa, elleriňizi gowşatmaň. Mukaddes Kitap bizi ýaman jemagatyň howply täsiri hakynda şeýle bir kän duýdurýandyr welin, bu duýduryşlara üns bermezlige biziň hakymyz ýokdur. Çagalarymyzyň durmuşlaryna olaryň dostlary uly täsir edýändirler. Olaryň dostlary çagalarymyz üçin görelde almagyň nusgasy bolup hyzmat edýändirler, ýagny biziň çagalarymyz öz dostlaryndan ýa-da oňat, ýa-da erbet görelde alýandyrlar. Onda biz öz çagalarymyz hakynda dileg etmän bilerismi? Dileg Eý Hudaý, men öz çagam (çagaňyzyň ady) hakynda Saňa dileg edýärin we özi üçin oňat görelde bolup hyzmat edýän dostlaryny onuň durmuşynda peýda et. Öz dostlaryny dogty saýlamaklygy üçin çagama akyldarlyk ber. Goý, ol öz boýdaşlarynyň öňünde hormata eýe boljak bolup, hiç haçan öz ynsabyna garşy gitmesin. Onuň öz dostlaryny saýlamaklygyna dogry täsir edip bilmekligim üçin, maňa-da Mukaddes Ruhdan akyldarlyk ber. Men Senden haýyş edýärin: çagamyň durmuşyna ýaman täsir edýänleri onuň durmuşyndan aýyr ýa-da şeýle bolanlaryň çagalaryň baryny Öz islegiňe görä üýtget. Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Çagamyň samsyklar bilen gatnaşyk etmekligine ýol berme, eý Hudaý we akmak dostlarynyň erbet täsirinden ony gora. Seniň talaplaryňa dogry gelmeýän dostdan çagamy daş et. Goý, çagam şeýle «dostuň» yzyna eýermän, onuň duzaklaryna hiç haçan hem düşmesin. Eger çagam dostlary tarapyndan taşlanan bolsa, oňa rahatlyk ber we öz bolşy ýaly, ýagny Seniň ony ýaradyşyň ýaly bolup bilmekligi üçin, özüniň gizlin syrlary bilen paýlaşyp bileri ýaly, oňa täze dostlary ber. Ony ýekelikden we özüne kem baha bermeklikden azat et. Çünki bu häsiýetler ony öz durmuşlary bilen Seni şöhratlandyrmaýanlar bilen dostlaşmaga eltýändir. Men Isa Mesihiň ady bilen Saňa dileg edýärin: hakyky dostlugyň asyl manysyny oňa aýan et. Beýleki adam üçin bütin ömür wepaly bolan dost bolmaklygy çagama öwret. Diňe Seniň adyňy şöhratlandyrýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýup bilmekliginde çagama kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Erbetleriň ýodasyna düşme, ýaman adamlaryň ýolundan gitme. Süleýmanyň tymsallary 4:14 Ýöne men size dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen nahar hem iýmezligi ýazýaryn. 1 Korintoslylar 5:11 Oglum, Rebden we patyşadan gork; pitneçiler bilen gatnaşyk etme. Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler; Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim bilýär? Süleýmanyň tymsallary 24:21 Gaharjaň adam bilen ýaranlyk etme; gyzma adam bilen gatnaşyk etme; Onuň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşüräýme. Süleýmanyň tymsallary 22:24–25 Erbetleriň maslahatyna gitmedik, günäkärleriň ýolunda bolmadyk, masgaralaýjylaryň meýlisinde oturmadyk adam bagtlydyr; Onuň keýpi diňe Rebbiň kanunyndadyr, gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýändir. Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän we ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar; eden ähli işi rowaçlanar. Mezmur 1:1–3 9-NJY BAP HUDAÝY BÜTIN ÝÜREGIŇ BILEN GÖZLEMEKLIGI NÄDIP ÇAGA ÖWRETMELI Gažetlerde ýaş adamlaryň ogurlaýandyklary, talaňçylyk edýändikleri, öldürýändikleri we jynsy gatnaşyklar meselesinde akylsyz hereket edýändikleri hakynda okap, şeýle adamlarda Hudaýdan gorkmaklygyň, Onuň ýollaryna dogry düşünmekligiň, Ony bütin ýürekleri bilen agtarmaklygyň ýokdugyna syn etmän bolmaýandyr. Olaryň käbirleri mesihi maşgalalardandyrlar we birwagtlar Isany öz Halasgärleri hökmünde kabul edipdiler, emma özleriniň Hudaýyň gorkusynda terbiýelenmän, Onuň barlygyny küýsemeklige öwredilmändikleri zerarly, indi olar özleriniň tenleriniň höweslerine doly azatlyk berdiler. Hudaýyň öňündäki gorky — bu biziň bütin ýüregimiz bilen Hudaýy söýüp, Ony hormatlaýandygymyzy, Onuň ygtyýarynyň we gudratynyň alnynda hormat goýmaklygymyzy aňladýandyr. Hudaýyň öňündäki gorkynyň esasynda Hudaýsyz durmuşyň hiç zatdygyna düşünmeklik we Onuň söýgüsine minnetdarlyk bardyr. Onuň söýgüsi özümiziň hiç haçan hem lapykeçligiň gurbany bolmajakdygymyzy wada berýändir. Hudaýyň öňündäki gorky janyňyň aç bolmaklygyny, ýagny Hudaýa ýakyn bolup, mydama Onuň huzurynda bolmaklygy aňladýandyr. Töwerekde biziň çagalarymyzy Hudaýdan daşlaşdyrýan zatlar gaty köpdür. Şeýtan her bir çaga ýakynlaşyp, ony synaýandyr we onuň özüni alyp barşyna syn edýändir — özüniň guran duzagyna çaga ýakynlaşmazmyka? Emma biz öz çagalarymyzy terbiýelänimizde, düzgünlere öwredenimizde we Hudaýyň ýollaryndan ýöremeklige öwredenimizde… …olara Mukaddes Kitaby okap berenimizde, …olara dileg etmekligi öwredenimizde we hakykatyň diňe Hudaýdadygyny, Onuň ähli wadalarynyň ýerine ýetjekdigine ynanmaklygy öwredenimizde, …olara ynanýan dostlary saýlamaklyga kömek edenimizde, …Hudaý bilen gezmekligiň bizi ýadatman we azatlygymyzy çäklendirmän, tersine, özümize şatlygy we duýdularyň dolulygyny berýändigine öwredenimizde, …biz olar bilen özleriniň ähli mätäçlikleri üçin bile dileg edenimizde, şonda olaryň ýüreklerinde ruhy açlyk döräp, Hudaýyň tanamaklyk islegi peýda bolýandyr. Çagalarymyz Hudaý we Onuň bilen bagly bolan zatlaryň barynyň iň ýokary ileri tutmadygyna düşünenlerinde, olar öz tenleriniň däl-de, Hudaýyň ýolbaşçylygynyň astynda ýaşap başlaýandyrlar; şonda olar Onuň ýollaryny, Onuň Sözüni we Onuň barlygyny agtaryp başlaýandyrlar; şonda olar Onuň adynyň öňünde gorka eýe bolarlar we olaryň durmuşlary uzak we üstünlikli bolar. Çünki şeýle diýlendir: «Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr; erbetleriň ýyllary bolsa gysga bolar» (Süleýmanyň tymsallary 10:27). Kaliforniýadan Tennessä göçenimizde, ärim bilen ikimiz ilki bilen Hudaýyň özümize oňat ýaş ýetginjekler topary bolan ýygnagy görkezmegi hakynda dileg etdik. Biz öz dileglerimize jogap aldyk we netijede biziň çagalarymyz täze ýygnagyň ýaşlar toparyna ýeňillik bilen öwrenişdiler. Ol ýerde ynamly dostlary tapyp, Hudaýa bolan ynamlarynda ösmeklerini dowat etdirdiler. Hudaýyň Sözüniň öwrenilýän, Onuň barlygynyň duýulýan we Onuň beýleki perzentleri bilen öz şatlyklaryňy paýlaşyp bolýan ýygnagy tapmaklyk neneň wajyp! Şeýle gatnaşyklaryň çagalarda Hudaýa gözlemeklik islegini döredýändigi üçin hem şeýle ýygnak gaty wajypdyr. Soňa galdyrmaň-da, hut şu wagtyň özünde çagaňyzyň Hudaýyň gorkusy astynda, Oňa we Onuň Sözüne ynanyp ýaşamaklygy hakynda, bütin ýüregi bilen Hudaýy agtarmaklygy hakynda dileg edip başlaň. Siziň çagaňyzyň geljegi şuňa baglydyr — çagaňyz mydama ten höwesleri bilen söweş alyp bararmy ýa-da Mukaddes Ruhdan dolup, Hudaýyň patalaryna eýe bolup ýaşarmy. «Ondan gorkýanlaryň ýagşy zatlary kemçilik etmeýändigini» ýadyňyzdan saklaň (Mezmur 34:9 seret). Munuň üçin dileg etmäge başlamaklyga hiç haçan hem ir däldir, şonuň üçin hem yza çekip, başga mümkinçilige garaşmaň. Dileg Eý Hudaý, men öz çagamyň ýüreginde mydama Saňa bolan ymtylmanyň ýaşamaklygy hakynda dileg edýärin. Goý, ol hemişe Seniň barlygyňy, dilegde, öwgülerde we sežde etmeklikde Seniň bilen wagt geçirmekligi agtarsyn. Onuň ýüregine Seniň Sözüňi tanamaklyk islegini we Seniň parzlaryňadyr ýollaryňa bolan söýgini sal. Oňa ynamda Seniň Mukaddes Ruhuňyň ýolbaşçylygy astynda ýaşamaklygy öwret, goý, ol Seniň parzlaryňy şatlyk bilen ýerine ýetirmäge mydama taýýar bolsun. Goý, her bir gaýgylarda goldaw we ruhy kömek üçin ol Saňa ýüz tutsun. Men öz çagamyň Seniň parzlaryňy ýerine ýetirmeklikden hiç haçan hem ýüz öwürmän, Saňa ýamadyk her bir nädogry ýollary terk etmekligi hakynda dileg edýärin. Goý, patalar we Saňa, Seniň ýollaryňa bolan söýgüsi onuň bu durmuşda edýän her bir işini, ädimini we bütin durmuşyny ýagtylandyrsyn. Öz hereketleri üçin jogapkärçiligi çekmekligi oňa öwret we goý, ol ten boýunça ýaşamaklygyň miwesiniň ölümdigini bilsin. Goý, ol hiç haçan hem öz gözlerine akylly bolup görünmän, «Rebden gork we ýamandan gaça dur» parzyňy mydama ýadynda saklasyn (Süleýmanyň tymsallary 3:7). Men onuň mydama umytly, jogapkärli, rehimdar, açyk, söýgüli we sada adam bolmaklygy üçin Saňa dileg edýärin. Ondan her bir tekepbirligi, ýaltalygy, seresapsyzlygy, diňe özüni söýmekligi we ten höweslerini aýyr; Senden bolan her bir zada «hawa» diýip, tenden bolanlara «ýok» diýip bilýän pesgöwünliligiň ruhuny ber. Öz ynamynda berk bolmalyga oňa güýç ber. Men öz çagamyň Seniň Sözüňiň hakykaty, sežde, dileg we Mukaddes Ruhuň güýjüniň öwretmekligi bilen ýaşaýan mesihi ýygnagyň hereketjeň agzasy bolmaklygy hakynda dileg edýärin. Heniz ol Seniň Sözüňi öwrenýärkä, Öz kanunlaryňy onuň aňynda we ýüreginde ýaz, goý, ol durmuşda Seniň parzlaryňyň hakykatdygyny bilip ýaşasyn. Ol dileg etmeklige öwreneninde, goý, ol Seniň erkiňi tanamaklyga hem öwrensiň. Goý, Seniň bilen onuň gatnaşyklary çyn ýürekden, gyzgyn we çuňňur bolsun. Goý, onuň ýüreginde Seniň Mukaddes Ruhuňyň ody we Saňa bolan sönmejek ymtylma bolsun. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar. Matta 5:6 Ynsanyň ölüm duzaklaryndan gutulmagy üçin Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir. Süleýmanyň tymsallary 14:27 Sebäbi men Hudaý üçin ýaşar ýaly, kanun arkaly kanuna öldüm. Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin. Galatýalylar 2:19–20 Bütin ýüregi bilen Ony agtaryp, Onuň şaýatlyklaryny saklaýan nähili bagtly! Mezmur 119:2 Ýa Reb, ýoluňy maňa öwret, Seniň hakykatyňda gezeýin; adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla. Ýa Reb, Hudaýym, bütin ýüregim bilen Saňa şükür edeýin, mydama adyňy şöhratlandyraýyn. Mezmur 86:11–12 10-NJY BAP ÖZÜNIŇ WEZIPESINI BILMEKLIGINE NÄDIP ÇAGA KÖMEK ETMELI Men bir adamyň uly guramada oňat işini taşlap, maşyn abatlaýjy bolmaga ylalaşandygyny bilýärin. Oňki işinde täze işinden köp aýlyk alýandygyna seretmezden, ol adam şeýle çözgüt etdi. Çünki ol maşyn abatlamagy ähli zatdan hem güýçli halaýardy. Ol şäherde diňe bir iň ökde maşyn abatlaýjy bolman, eýsem özi üçin iň esasy zat — bu onuň öz başarjaňlygyny dogry ulanyp bilenindedir. Men başga bir adamy hem bilýärin. Ol Hudaýyň ýygnagynyň çopany bolmaklykdan boýun towlap, ökde täjir bolmaklygy meýilleşdiripdi. Netijede bolsa ol aýaly bilen aýrylyşyp, maşgalasyny ýitirdi, elhenç waka bolan oglunyň ölümini başyndan geçirdi we onuň bütin ömri ýitgileriň we lapykeçlikleriň üzülmeýän hataryna öwrüldi. Eger onda dileg edýän ene ýa-da dileg edýän ata, ýa-da özi üçin Hudaýyň taýýarlanyna düşünmäge kömek edip biljek başga bir adam bar bolan bolsady, onda bary başgaça bolup bilerdi. Özümizi Hudaýyň nähili edip ýaradandygyny bilmän, biz hakykatda bolşumazdan başga hili bolmaga ýa-da kimdir biri ýaly bolmaga çalyşýandyrys. Emma bularyň bary lapykeçlik, kemsitme we özüňiň dolulygyňy duýup bilmezlik bilen gutarýandyr. Muňa tassyklamany biz öz işlerini, umytlaryny aklamaýan öz durmuşlaryny ýigrenýän uly ýaşly adamlaryň durmuşlarynda görýändiris. Haýsydyr bir ýagdaýda adamyň: «Men hiç zada ýaramaýan. Bu meniň üçin däl. Men başga bir iş bilen meşgullanmaly» diýlen ýalanlara ynanýandygyna şübhelenmän bilýändiris. Belki-de, şeýle adamlaryň Hudaý tarapyndan berlen güýje we başarjaňlyklara eýedikler hakynda olara hiç kim hiç haçan hem gürrüň beren däldir. Mälim bolşy ýaly, şeýle adamlar henize çenli hem öz wezipelerine düşünmeýärler. Hudaýyň ýolbaşçylygyny sorap, Onuň parzlaryny ýerine ýetirenimizde, bize durmuşyň manysy aýan bolýandyr. Ýeremeýa pygamber Ysraýyl halkyny ýamanlykdan ýüz öwürmeklige çagyrdy, emma adamlar onuň diýenlerine gulak asmadylar. Ahyrynda Hudaý şeýle diýdi: «Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy, goşunlar Rebbi şeýle diýýär: ine, Men Ýahuda we Iýerusalim halky hakda aýdan ähli ýamanlykarymy olaryň başyna getirerin; çünki olara aýtdym, ýöne diňlemediler; olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler» (Ýeremeýa 35:17). Eger biz Hudaýyň sesine gulak asmasak, onda biziň başymyza betbagtçylyk inýändir. Emma biz öz çagalarymyzyň Hudaýyň sesine gulak asmaklary hakynda dileg edip bilýändiris we şonda belalar olaryň garşysyndan geçer. Şeýtanyň ýaş adamlara garşy ulanýan bir söýgüli usuly bardyr: ol ýaş adamlary özlerini beýlekiler bilen deňeşdirmäge yrýandyr. Netijede bolsa olar özleriniň hususy kemçiliklerini görüp, özleriniň Hudaýyň ýaradyşyndan başga adamlar bolmak isleýändirler. Ýaş gyzlar özlerini joralary bilen deňeşdirip, joralarynyň saçlarynyň has owadandygyny, oňat geýinýändiklerini, gymmatbaha jaýlarda ýaşaýandyklaryny, ýaş ýigitleriň öňünde üstünlige eýediklerini, mekdepde oňat okaýandyklaryny görýändirler. Öz boýdaşlaryna seredip, ýaş oglanlar olaryň uzyndyklaryny, güýçlüdiklerini, daş-keşpleriniň owadandyklaryny, olaryň dostlarynyň köpdügini, zatlarynyň bolsa owadan we gymmatbagadygyny, olaryň has-da ukyply we başarjaňdyklaryny görýändirler. Şeýlelikde, özlerini mydama beýlekiler bilen deňeşdirmegiň we onuň yzysüre peýda bolýan özüne kem baha bermekligiň netijesinde, çaganyň özüne garaýşyna uly zyýan ýetýändir. Men heniz ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik, emma bireýýäm özlerini ýigrenip, kimdir başga birine meňzeş bolmaklygy isleýän çagalaryň ençemesini bilýärin. Özlerini Hudaýyň ýaradany hökmünde bagalandyryp, Hudaýyň özlerine beren ukyplaryndan mümkin boldugyndan dolulygyna ulanmaklygyň deregine, şeýle ýaşlar başga adam kimin bolmaklyga, ýagny özlerine hiç haçan hem kanagatlanarlygy getirmeýän usullara baş urýarlar. Ýöne biziň dileglerimiz şeýtanyň bu meýilnamalaryny bozup, çagalarymyza özlerine çynlakaý seredip, özleriniň geljeklerine dogry göz ýetirmeklige kömek etmäge ukyplydyr. Heniz çagalarymyzyň entek kiçi wagtlarynda, men ärim bilen özümize olaryň başarjaňlyklarynyň aýan bolmaklygy hakynda Hudaýdan dileg edip başladyk. Men Hudaýdan öz çagalarymyzy terbiýelemek, olaryň başarjaňlyklaryny ösdürmeklik üçin Hudaýdan akyldarlyk soradym. Men özümiň Kristofer bilen Amandanyň öz ukyplaryna dogry baha berip, ýetmezçiliklerine üns bermezlige kömek etmeklikde öz rolumyň bardygyny bildim. Çagalarymyň ýetginjeklik ýaşyna gabam basandyklary sebäpli bu meseläniň çylşyrymlaşandygy üçin bu meniň dileglerimiň esasy mowzugy bolup galdy. Ýöne meniň üçin oglum bilen gyzyma Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklyga kömek etmeklik meniň üçin iň wajyp boldy, çünki olar diňe şeýle ýagdaýda Hudaýyň niýetine düşünip bilýärdiler. Eger olar ilki bilen Hudaýyň kimdigini bilmeseler, onda özlerine dogry düşünip bilmejekdiklerine men düşündim. Mukaddes Kitapda Hudaý biziň çagalaryma Mukaddes Ruhy inderjekdigini wada berip, şeýle diýýär: «Olar otlar arasynda, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin gögererler. Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri eline: „Reb üçin“ diýip ýazar» (Işaýa 44:4–5). Hudaýa ynanan çagalar özleriniň kimdiklerine düşünerler. Olar Mukaddes Ruhdan dolup, özleriniň Hudaýa degişlidikleri hakynda bilerler. Siz öz çagaňyzyň ýüzündäki şatlyk bilen ynamly: «Men Hudaýa degişli» diýip aýdanyny eşidersiňiz. Siz öz çagaňyzy bagtly görmek isleýärsiňizmi? Onda dileg edip başlaň. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: hut şu günüň özünde meniň çagamyň (çagaňyzyň ady) üstüne Mukaddes Ruhuňy inder we Öz çagyryşyňa laýyk bolmaklygy üçin oňa pata ber, goý, ol Seniň tabşyran işiňi ýerine ýetirsin. Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «…kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şol ýagdaýda Hudaýyň huzurynda galsyn» (1 Korintoslylar 7:24). Goý, meniň çagam Seniň Sözüň boýunça Seniň bellänleriňden daşa çykmasyn. Eý Hudaý, şeýtanyň öz çagamyň durmuşyny bulaşdyrmaga, ondaky Seniň sylaglaryňy ogurlamaga, Seniň goýan ýoluňdan ony çykarmaga, Seniň beren başarnyklaryňy söndürmäge synanyşýan meýilnamalaryny puja çykar. Goý, meniň çagam hiç haçan hem Senden başga biriniň yzyna eýermän, gaýtam, beýlekileri Seniň Şalygyňa getirsin. Özüniň Isada eýe bolan ygtyýarlygyna göz ýetirip bilmegine kömek et, emma şunuň bilen birlikde, ol pes göwünli we Saňa gulak asyjy bolmaklygy ýadyndan çykarmasyn. Goý, onda günde söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, akýüreklik, ynam, ýumşaklyk, nebsiňe buýurmaklyk ýaly Mukaddes Ruhuň miweleri össün (Galatýalylar 5:22 seret). Goý, meniň oglum (gyzym) özünde Seniň keşbiňiň serpikmesini görsün, özüni bolsa Seniň elindäki ýarag hökmünde hasaplap, durmuşyň hakyky manysynyň diňe Sende jemlenendigini bilsin. Çagama öz öňünde Seniň islegiňe laýyk gelýän maksatlary goýmaklygy öwret. Özüne geşmiş arkaly däl-de, edil Seniň Özüň ýaly geljegiň üsti bilen seretmekligine kömek et. Goý, meniň çagam Seniň niýetiňiň ýagşylygy, rahat geljegi we umydy özünde saklaýandygyny bilsin (Ýeremeýa 29:11). Sende geljegi bolan umydy görüp, Seni tanamaklygyna kömek et. «Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip, indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýan edildi» (2 Timoteos 1:9). Goý, çagam mydama Seniň ýaradanyň ýaly bolup galyp, günde ruhda berkesin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. 1 Petrus 2:9 Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir» 1 Korintoslylar 2:9 Şonuň üçin, eý doganlar, çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz. 1 Petrus 1:10 Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris. Sebäbi köp doganlaryň arasynda Öz Oglunyň ilkinji doglan bolmagy üçin, Hudaý öňden tanaýan adamlaryny Oglunyň keşbine dönmek üçin öňden belläp goýdy. Ol öňden bellänlerini-de çagyrdy, çagyranlaryny-da aklady, aklanlaryny-da şöhratlandyrdy. Rimliler 8:28–30 Tur, ýaldyra, çünki yşygyň geldi we Rebbiň şohraty saňa dogdy! Işaýa 60:1 11-NJI BAP ÝALANY TERK EDIP, HAKYKATYŇ YZY BILEN ÝÖREMEKLIGI ÇAGA NÄDIP ÖWRETMELI Biziň maşgalamyzda çagalaryň oňat bilýän düzgüni bar: eger käbir ýaman hereketler üçin jeza kän gazaply bolmasa, onda ýalan üçin jeza mydama gazaply bolýandyr we ondan gaça durup bolýan däldir. Biz ýalany ähli hereketlerden hem iň beteri diýip hasaplaýarys, çünki onda ähli günäleriň köki bardyr. Her bir jenaýatçylyk biriniň başga biriniň ýalanyna ynanandygyndan ýa-da özüniň ynanandygyndan başlanýandyr. Hatda ýalany aklamaklygyň iň mekirsizi (mysal üçin, «Eger men ýalan geplemesem, islänimi alyp bilmerin») hem bagşa bir ýamanlyk üçin ýoly arassalaýandyr. Biziň gyzymyz heniz kiçijikkä, öz diýenine ýetmeklik maksady bilen «kiçijik mekirliklerini» ulanmaga çalyşardy. Ýöne ol beýle etmekligiň gerek däldigine tizara düşündi, çünki beýle hereketleriň sanyndan alýan temmileri gaty köpdi. Oglumyz bolsa bu meselede «ownuklamaýardy», eger ol aldaýan bolsa, oňatja aldaýardy. Kristofer ýedi ýaşyndaka, ol bir gezek öz dosty Stiwen bilen onuň jaýynyň alnynda beýsbol oýnaýardy. Pökgi ullakan aýna uruldy we döwülýän aýnanyň gümmürdisi eşidildi. Stiweniň ejesi bu sese ylgap çykyş badyna: «Kim beýle etdi?» diýip sorady. «Men däl» diýip, Stiwen aýtdy. «Men däl» diýip, Kristofer hem aýtdy. «Stiwen, sen pökgi bilen aýnany döwmändigiňi tassyklaýarsyň, şeýlemi?» — diýip, ejesi soramagyny dowam etdirdi. «Hawa, men muny etmedim» — diýip, ogly aýtdy. «Kristofer, pökgi bilen aýnany sen döwdüňmi?» — diýip, ol meniň ogluma ýüzlendi. «Eger siz aýnany döweniň mendigimi gören bolsaňyz, onda diýmek aýnany döwen mendirin, eger görmedik bolsaňyz bolsa, onda men döwen däldirin» — diýip, Kristofer arkaýyn jogap berdi. «Men görmedim» — diýip, Stiweniň ejesi aýtdy. «Diýmek, men günäkär däl» — diýlen jogap eşidildi. Stiweniň ejesi bize jaň edip, bolan wakany gürrüň bereninde, oglumyzyň ýalan arkaly aklanyp biljekdigine ynamly bolup ýetişmänkä, özümiziň ara goşulmalydygymyza biz düşündik. «Kristofer, bolan zatlaryň ählisini görýän biri bardyr. Belki, seniň özüň bize baryny bolşy ýaly gürrüň berersiň? — diýip, men oglumyň bolan zatlary boýun almagyny isläp aýtdym. Ol kellesini aşak sallap, şeýle diýdi: «Bolýar, men aýnany döwdüm». Şondan soň biz onuň bilen Hudaýyň Sözüniň ýalan geplemeklik barada näme diýýändigi hakynda kän gürrüň etdik. «Şeýtan — iň esasy ýalançy, — diýip, men söze başladym, — her bir ýamanlyk hem ýalandan başlaýandyr. Ýalan öz durmuşlaryny ýeňilleşdirer diýip, köp adamlar pikir edýärler, emma iş ýüzünde bolsa bary tersine bolýandyr. Tersine bolmagynyň sebäbi bolsa, sen ýalan geplemekligiň bilen şeýtan bilen birlige baş goşýansyň. Her gezek sen ýalan gepläniňde, öz ýüregiňde şeýtan üçin ýer berýänsiň. Näçe kän ýalan gepledigiňçe, şeýtanyň aldawçy ruhy şonça-da çalt seniň ýüregiňi eýeleýändir. Günleriň birinde bolsa bu ýalan geplemekligiň akymyny saklap bilmeýändigiňe düşünersiň. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: „Ýalançy dil bilen hazynalar edinmek ölüm agtarýanlaryň çapýan salgymy ýalydyr“ (Süleýmanyň tymsallary 21:6). Başgaça aýdanyňda, ýalan arkaly bir zatlar gazanaryn diýip sen oýlaýarsyň, emma iş ýüzünde bolsa sen öz durmuşyňy diňe dargadýansyň. Dogry geplemeklik oňatdyr. Hatda dogry sözleriň üçin çekjek jezaň hem ahyrynda seniň üçin ýagşylyga öwrülýändir, ýalan geplemegiňiň netijesi bolsa seni howp astyna salýandyr. Mukaddes Kitap bize: „Galp şaýat jezasyz galmaz; hawa, ýalan sözleýän gaçyp gutulmaz“ (Süleýmanyň tymsallary 19:5) berýändir ahyryn». Birnäçe wagtdan soň Kristofer menden şol gün özüni kimiň görendigi hakynda sorady. «Hudaý, — diýip, men jogap berdim. — Ol seni gördi. Men mydama Ondan sen we jigiň hakyndaky hakykatlaryň baryny açmagy hakynda dileg edýärin. Ol — Hakykat Ruhy, düşünýäňmi?» «Emma bu adalatly däl, eje» — diýip, Kristofer aýtdy. Ýöne şondan başlap ol mydama ýalan gepländigini boýun aldy. «Meniň pikirimçe, bu barada Hudaýdan öň özüm saňa gürrüň bersem oňat bolar» — diýip, ol her gezek aýdýardy. Çagalar hiç-de aldaman bilmeýärler. Gürrüň olaryň aldap-aldamaýandygynda däldir, gürrüň olaryň ýalan geplemeklikleriniň özleri üçin adat bolup galyp-galmaýanlygyndadyr. Işiň netijesi bolsa, biziň oňa bolan gatnaşygymyza baglydyr. Eger biz çagamyza Hudaýyň aldamaklyk barada näme diýýändigini düşündirmesek, onda olar munuň nähili ýamandygyny bilmezler; eger biz olaryň aldawyna gözümizi ýumýan bolsak, onda olar ýalan geplemeklik mümkin diýip hasap ederler. Eger bu barada biz hut şu wagt dileg etmesek, onda wagtyň geçmegi bilen biz ajy miweleri datmaly bolarys. Mukaddes Kitap şeýtan hakynda şeýle diýýär: «Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy» (Ýahýa 8:44). Ýalanyň atasynyň kimdigini bilip, onuň nesliniň öz çagamyzyň ýüreginde kök urýandygyna biz biperwaý seredip bilýän däldiris. Çaga ýüreklerinden we özümiziň hem ýüreklerimizden her bir ýalanyň ruhunyň ýok bolmaklygy üçin dileg ediň. Käwagtlar ata-eneler ýalan üçin jezany ýeňilleşdirýärler, çünki olaryň özleri hem şu günäni edýändirler. Biz öz çagalarymyz üçin görelde bolmaklyk üçin ýalany terk edip, dogrulygyň ýoluna eýermelidiris. Biz resul Pawlus bilen şeýle diýmek isleýäris: «Men seniň oglanlaryň käbirleriniň Atadan alan buýrugyňyz boýunça hakykatda gezýänini görenime gaty şat boldum» (2 Ýahýa 1:4). Biz öz çagalarymy-zyň ýalanyň atasy bilen birleşige girmeklerini islemeýäris: biz öz çagalarymyzyň ýagtylygyň Atasy bilen bolmaklaryny isleýändiris (Ýakup 1:17 seret). Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň çagamy (çagaňyzyň ady) Özüňiň hakykat Ruhuň bilen doldur. Onda her bir ýalany terk edip, hakyky söýýän we oňa eýerýän ýürek ýarat. Pikir eden ýa-da sözleri bilen aýdan ýalan arkaly durmuşyna girýän ölümiň ruhunyň baglylygyndan ony azat et. Oňa ýalanyň öz ýüregini şeýtan üçin açdyrýandygyny görkez. Şeýtanyň öz ýany bilen bolsa ölümi, ýagny Senden daşlaşmagy alyp gelýändigine çagam düşünip bilsin. Ony her bir ýalanyň ruhundan azat et. Öz çagamyň hiç haçan hem ýalan arkaly şeýtan tarapyndan aldanyp, gönüniň kör bolmaklygyny islemeýärin. Goý, çagam mydama Seniň hakykatyňa düşünip bilsin. Her bir gizlin zadyň iru-giç aýan bolýandygyna düşünip, oglumyň (gyzymyň) hiç haçan hem hiç zady gizlemezligi hakynda Senden dileýärin. Eger ol bir zady gizläýeninde-de, goý, ol ogluma (gyzyma) ajy we agyry getirsin, çünki ol bu ajydyr agyry arkaly toba gelýändir, netijede bolsa ýalan oňa hiç hili azar bermez. Ýalanyň asyl manysyny çaga düşnükli edip gürrüň berip bilmegime kömek et we goý, ol bu bilimleri öz durmuşynda ulanyp bilsin. Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer» (Ýahýa 16:13). Goý, Seniň hakykat Ruhuň meniň oglumy (gyzymy) her bir hakykata öwretsin, goý, ol hiç haçan hem ýalançy bolmasyn, goý, ol Seniň hakykat Ruhuňa eýerýän we akylly adam bolsun. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Ýalançy dodaklar Rebbe ýigrenjidir; dogrulyk bilen işleýänleri bolsa Ol halaýandyr. Süleýmanyň tymsallary 12:22 Gaýgydan ýaňa süňňüm ereýär; sözüňe laýyklykda meni üýçlendir. Ýalanyň ýoluny menden daş et, kanunyň arkaly maňa rehim et. Mezmur 119:28–29 Merhemet we hakykat seni taşlamaz; olary boýnuňa bagla, ýüregiň daş sahypasyna ýaz. Onsoň Hudaý we adamlar saňa mäherli garar, adyň ýagşylykda tutular. Süleýmanyň tymsallary 3:3–4 Ol adam şeýtanyň güýji boýunça, her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen, heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen geler. Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin heläk bolar. 2 Selanikliler 2:9–10 Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Ýahýa 14:15–17 12-NJI BAP ÇAGANYŇ SAGLYGY WE ŞYPA TAPMAKLYGY HAKYNDA NÄDIP DILEG ETMELI Meniň gyzym dört ýaşynda bolanynda, lukmanlar onuň gözlerinde çynlakaý keseliň bardygyny anykladylar we operatsiýa etmekligi maslahat berdiler. Operatsiýadan soň hem gyzymyzyň ýogyn çüýşeli äýnek dakynmaly boljakdygy hakynda hem aýtdylar. «Eý Hudaý, Sen meniň gyzym üçin şeýle ykbaly taýýarlaýdyňmyka? — diýip, men Hudaýa dilegde ýüzlendim. — Bu öz ýüregimde rahatlygyň ýoklugy we hemişe bu hakynda alada edýänligim üçinmikä?» Ärim bilen bile men gyzymyň sagalmagy üçin dileg etdik. Eger gerek bolsa, onda bize kömek edip biler ýaly başga lukmany görkezmekligi hakynda dileg etdik. Ertesi gün bize gyzymyzyň keseli hakynda hiç zat hem bilmeýän bir tanşymyz jaň etdi. Emma onda Los-Anjelesdäki çagalar keselhanasynda şu kesel boýunça ökde lukmanyň bardygy hakynda maglumat bar eken. Men Amandany şol lukmanyň ýanyna alyp bardym. Ünsli barlagdan soň ol maňa hoş habary aýtdy: operatsiýa hökman däl-de, diňe göze geýilýän çüýşeler ýagdaýy düzedip biljek eken. Şol pursatdaky biziň şatlygymyzy göz öňüne getirip bilýärsiňizmi? Biz taýynlyk bilen Amandany şol lukmana ynandyk, ýöne gyzymyz üçin dileg etmegimizi bes etdirmedik. Sekiz ýylyň içinde Amanda lukmanyň gözegçiliginde göze geýilýän çüýşeleri ulandy. Elbetde, her gün irden olary gözüňe geýip, agşamyna bolsa ýene-de aýyrmaklyk içigysma işdi. Gyzymyň olary ýitireninde bolsa, men näçe gezek mekdep meýdançasyna ylgap, olary gözlemeli bolupdym! Emma biz bularyň baryny başymyzdan geçirip, bir gezek hemişekisi ýaly lukmanyň barlagyndan soň onuň: «Indi saňa çüýşeler-de, operatsiýa-da gerek däldir. Seniň gözleriň doly sagaldy!» diýen gününe garaşyp bildik. Biz gaty bagtlydyk we Hudaýa Onuň ýolbaşçylygy, dileglerimize beren jogaplary üçin minnetdarlyk aýtdyk. Biziň çagalarymyz bir zat bilen, mysal üçin, sowuklama, ýa-da gyzzyrma, ýa-da üsgülewük bilen kesellänlerinde, biz mydama dileg edýärdik we Hudaý bizi mydama eşidýärdi. Gerek bolanynda, biz lukmanlara ýüz tutýatdyk, çünki Hudaý lukmanlar arkaly hem sagaldýandyr. Emma Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin dileg etsin. Iman dilegi syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14–15). Hemişe dilegden başlamaly we diňe wajyp bolanynda, lukmanlara ýüz tutmalydyr, şypa alnanyndan soň, oňa şübhelenmegiň geregi ýokdur. Biziň oglumyz awtomobil heläkçiligine duçar bolanynda (ol bu barada kitabyň başynda gürrüň beripdi), onuň ýagyrnysyna we dyzlaryna güýçli şikes ýetipdi. Biz onuň sagalmagy hakynda haýallyk etmän dileg edip başladyk we şol bir wagtyň özünde keselhanada doly barlagdan geçmekligi hakynda aladalandyk. Biz onuň doly sagalmagy üçin dileg etmegimizi dowam etdirdik, çünki ýagyrnysynyň we dyzynyň agyrysy onuň durmuşyna zyýan ýetirmegini biz asla islemeýärdik. Ýol heläkçiliginiň günäkäri bolan sürüjiniň ätiýaçlandyryş kompaniýasyndan jaň edip, oglumyza ýetirilen zyýanyň bahasyny tölejekdiklerini aýdanlarynda, men birden Mukaddes Kitabyň şu aýadyny aýdyň eşitdim: «Çünki seniň saglygyňy yzyna bererin, ýaralaryňy bejererin…» (Ýeremeýa 30:17). Men oglumyzyň sagdyndygyna ynamlydym we meniň pikirimçe, şeýle bolanynda, biz tölenjek bahany almaly däldik. Hudaý menden edil: «Saňa pul gerekmi ýa-da saglyk?» diýip soran ýalydy. «Maňa saglyk gerek, eý Hudaý, men Saňa minnetdardyryn» — diýip, şübhesiz jogap berdim. Elbetde, ätiýaçlyk puluny kabul etmeklik — bu ynamyň azdygyny aňladýandygy däldir. Emma şol ýagdaýda hödürlenen pullary kabul etmezlik bilen, biz dogry hereket etdik. Biziň dileglerimiz boýunça Hudaý kesel adamy sagaldanynda, biz özümizi edil sagalmagyň bolmandygy ýaly alyp barmaly däldiris. Mukaddes Kitap şypa bermekligiň wadalaryndan doludyr. Dawut patyşa şeýle diýipdi: «Eý janym, Rebbe alkyş et, eý özenim, Onuň mukaddes adyna alkyş ediň. Eý janym, Rebbe alkyş et, onuň ähli ýagşylyklaryny unutma. Ähli ýazyklaryňy bagyşlaýan, ähli keselleriňi bejerýän, ýaşaýşyňy heläkçilikden halas edýän, saňa merhemet we rehim täjini geýdirýän, seniň islegleriňi ýagşylyk bilen kanagatlandyrýan Oldur; ýaşlygyň bürgüt kimin täzelener» (Mezmur 103:1–5). Isa biziň günälerimizi bagyşlaýan we tenlerimize şypa berýän Rebbimiz bolmaklygy isleýändir. Mätäçligiň peýda bolmazyndan ozal, geliň, çagalarymyzyň saglagy we olaryň şypa tapmaklary üçin dileg edeliň. Dileg Eý Hudaý, Sen Öz Sözüňde biziň şypa taparymyz ýaly birek-biregimiz üçin dileg etmekligi tabşyrdyň we men şu wagt öz çagamyň saglygy, onuň şypa tapmaklygy üçin dileg edýärin. Men Senden onuň durmuşyna hiç bir ýamanlygyň we hiç bir keseliň zyýan ýetirmezligi üçin dileg edýärin. Men Senden haýyş edýärin, ony her bir keselden gora. Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «Ol sözüni iberip, olara şypa berdi, gaçan çukurlaryndan çykardy» (Mezmur 107:20). Keseliň çagamyň bedeniniň haýsy ýerinde gizlenýändigine seretmezden, men Senden haýyş edýärin, eý Hudaý: oňa eliňi degir-de, şypa ber, meniň ogluma (gyzyma) bütinleý sagalmaklygy ber. Çagamy kesellerden we şikeslerden gora. Aýratyn hem men Senden (çagaňyzyň anyk keseliniň adyny aýdyň) sagalmagy üçin dileg edýärin. Eger biz lukmana ýüz tutmaly bolsak, onda özümiziň ynanyp bilýän lukmanymyzy görkez. Ol lukmana işinde akyldarlyk we sagaltmagyň kämil ýollaryny we usullaryny görkez. Biziň halas bolmaklygymyz üçin Özüňiň ejir çekip, günälerimiz üçin ölendigiňe men gaty minnetdardyryn. Öz Sözüňde ynanýanlara şypa barada beren wadaňy ýerine ýetirmegiňi men Senden dileýärin. Öz çagama doly sagalmagy we berk saglygy berjekdigiňe men umyt edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Emma Ol biziň jenaýatlarymyzdan ötri ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan öte ejir çekipdi; parahatlygymyzyň jezasy Onuň başyna geldi; Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk. Işaýa 53:5 Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin dileg ediň. Dogry adamyň yhlasly dilegi gaty güýçlüdir. Ýakup 5:16 Ýöne Meniň adymdan gorkýan size dogrulyk Güni dogar, onuň ganatynda şypa bolar; siz çykyp, ýatakdaky göleler kimin böküşersiňiz. Malahiýa 4:2 Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy. Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz. 1 Petrus 2:22, 24 Onsoň seniň nuruň daň kimin ýalpyldap, basym şypa taparsyň; dogrulygyň seniň öňüňden ýörär, Rebbiň şöhraty seni ýygnar. Işaýa 58:8 13-NJI BAP ÖZ TENI HAKYNDA ALADA ETMEKLIGI ÇAGA NÄDIP ÖWRETMELI Eger biz çagalarymyzy bu tebigy däl we goşmaça önümlerden doly bolan dünýäde ýeke galdyrsak, onda olar nädogry iýmitlenerler. Biziň iýýän önümlerimiziň köpüsi ençeme gezek arassalanandyr, olara ençeme goşmaça önümler goşulandyr we olardan ençeme ýokumly maddalary aýrylandyr welin, hatda olaryň berýän peýdasy hakynda gürrüň hem edip bolýan däldir. Emma çagalary bu aladalandyrýan däldir. Olara şeýle iýmit ýaraýandyr, çünki ol göze ýakymly, oňat ysly we oňat tagamly ýaly bolup görünýändir, eger-de ol iýmitleri reklama edýän bolaýsalar, onda bular hakynda gürrüň edesi hem ýokdur. Eger siziň äriňiz, mysal üçin meniň ärim Maýkl ýaly, şeýle iýmitleri söýýän bolsa we özi hem-de çagalar üçin olary öýe-de getirýän bolsa, siziň durmuşyňyz gaty çylşyrymlaşýandyr. Biz gezek on aýlyk çagany kakasynyň seretmeginde galdyryp gidip, gelenimde bolsa çagamyň süýt çüýşesinde kolanyň bardygyny gördüm. Şonda men şol pursatda özümiň halas bolmaklygymyň diňe dilegdigine düşündim. Men maşgalamyň sagdyn iýmitlenmegi üçin elimden gelenini etdim, çagalaryma dogry iýmitlenmegi öwretmäge çalyşdym. Men olar bilen jedel edip, özümiň dogrulygymy dürli ýollar bilen tassyklamaga taýyndym. «Muňa çydap bilmeýän. Diňe biziň öýümizde oňat iýmit ýok» — diýip, oglum sesiniň gödekligi bilen maňa diýýärdi. «Biziň naharymyz şeýle bir sagdyn welin, meniň hatda ýüregim bulanýar» — diýip, gyzym gözüniň gözýaşlary bilen aýdardy. «Dawasyz gury çörek toý aşyndan doly dawaly öýden gowudygyna» (Süleýmanyň tymsallary 17:1) ynananymdan soň, men sabyr edip, öz duýgularyma erk bermezlige çalyşýardym. Eger mydama çagalarymyň ýanynda bolup, ýatladyp durmasam, onda olary dogry iýmitlenmäge yryp bilmejekdigimi bilýärdim. Diňe dileg arkaly hereket edýän Hudaýyň güýji ýagdaýy üýtgedip bilerdi. Öz tenleri hakynda dogry alada etmeklik soragynda ähli adamlar diýen ýaly kynçylyklara duş gelýärler. Öz kitaplarym we özümiň taýýarlan fiziki maşklaryň wideokursy sebäpli, men şu kynçylyk bilen çynlakaý aladalanan adamlaryň ençemesi bilen tanyş boldum. Ol adamlaryň köpleri çuňňur lapykeçlige we umytsyzlyga düşüpdirler. Çagalarymyzyň durmuşlarynda şeýle kynçylyklaryň bolmazlygy üçin, eger biz olary dilegde goldamasak, olara ugur görkezmesek, olara düşündirmesek we olarda sagdyn gylyklary terbiýelemesek, onda biz olar üçin gaty erbet hyzmaty ýerine ýetirýändiris. Eger siziň çagalaryňyz heniz kiçi bolsalar, onda olaryň sagdyn iýmiti we fiziki maşklary söýüp, öz tenleri hakynda aladalanyp bilmekleri üçin dileg etmäge başlaň. Eger şeýle etmeseňiz, onda ýetginjeklik döwrüne çenli olarda erbet gylyk-häsiýetler durnuklanar we şonda ýagdaýy üýtgetmeklik üçin gaty giç bolýandyr. Ýetginjeklik we talyplyk ýaşlaryndaky oglan-gyzlaryň iýmitlenişlerine seredip, biz aýdanlarymyň dogrudygyna göz ýetirip bilýändiris. Şonuň üçin hem heniz giç bolmanka, dileg etmäge başlaň. Eger siziň çagalaryňyz uly ýaşynda bolsalar, onda olar hakynda dileg etmekligi kesgitli bir wagta çekmäň. Oňat işdesiniň bar bolan ýa-da, tersine, işdesiniň hiç-de bolmadyk ençeme ýaş aýallar diňe bir özleriniň ten höwesleri bilen göreşmeli bolýandyklary bilen däl-de, eýsem ruhy söweşi hem alyp barmaly bolýandyklary bilen hem ejir çekýändirler. Bela — ol aýallaryň çendenaşa iýmekligiň gullary bolandygyndadyr. Bu bolsa Hudaýyň taglymatyna gabat gelýän däldir we durmuşy dogry gurnamaklygyň tärlerine garşy gelýändir. Şeýle kesel bilen keselleýän ençeme aýallary men oňat tanaýaryn. Ol aýallaryň dileg edýän ata-eneleri bolanlary özleriniň üstlerinden gazanan ýeňişleri hakynda şaýatlyk edýärler. Üstünlikli bolmadyk beýlekileri bolsa agyr ýagdaýda galýandyrlar. Çagaňyzyň öz teni barada dogry alada edip bilmekligi üçin oňa Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy we güýji gerekdir. Siziň dilegleriňiz ýeňilmeklikden, lapykeçlikden we depressiýadan gaça durmaklyga kömek edýändir. Özüňiz barada wagtynda hiç kimiň dileg etmändigi üçin siz puşman etmeýärsiňizmi? Men puşman edýärin. Dileg Eý Hudaý, men öz oglum (gyzym) üçin dileg edýärin: oňa sagdyn iýmit bilen iýmitlenmek islegini ber. Durmuşynda ýaşaýşyny uzaltman, ölüm getirýän iýmitlerden iýmitlenmäge onda ençeme gezek synaglaryň boljakdygyny men bilýärin. Özi üçin nämäniň ýagşylyk, nämäniň bolsa ýamanlyk üçindigini bilmekligine kömek et; çagama sagdyn iýmit bilen iýmitlenmek islegini ber we oňat hilsiz bolan iýmitlerden ony daş et. Senden haýyş edýärin: çagamy her hili nädogry diýetalar bilen gyzyklanmalardan gora. Özüme Isa Mesih tarapyndan berlen ygtyýarlyk bilen (Luka 10:19 seret), men onuň üçin töwellaçylyk edýärin we her bir erbet gylyga, her bir iýmite bagly bolmaklyga, her bir çendenaşa iýmitlenmeklige, her bir açlyga we wagtly-wagtynda iýmitlenmezlige «ýok» diýýärin. Eý Hudaý, Sen Öz Sözüňde şeýle diýdiň: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:32). Erbet gylyklardan azat bolmaklygy üçin nähili ýaşamalydygyny çagama aýan et. Dogry iýmitlenmeklik islegi bilen bilelikde çagama fiziki maşklary hem ýerine ýetirmeklik islegini hem bermegiň hakynda Senden dileýärin. Goý, ol arassa suwy köp içip, Seniň parzlaryňa eýerip, durmuşyndaky ähli gaýgylaryna döz gelip bilsin. Her bir agyr ýagdaýlarda ol Saňa: «Meni öz ýollaryňa öwret, eý Hudaý» (Mezmur 27 seret) diýip, ýüz tutsun. Özüniň teniniň Seniň Mukaddes Ruhuňyň ybadathanasydygyny oňa düşündir. Özüniň tenini Seniň berendigiňi we ony gorap, ol hakynda alada etmekligi hakynda dileg edýärin. Goý, ol öz tenine nägilelik bilen seretmesin, goý, ol özüne jemgyýetiň pikiri boýunça baha bermesin. Çagamyň dünýewi gazetdir žurnallaryň, telewideniýedir we daş-töwerekdäkileriň mejbur etmeleri synaglaryndan doly azat bolup bilmekligi hakynda Senden soraýaryn. Hakyky owadanlygyň özünde ýaşaýan Mukaddes Ruhuň gözelligindedigine ol düşünip bilsin. Goý, çagam hakyky gözelligiň çeşmeleriniň seni söýýän öz ýüregindedigine düşünip bilsin. Goý, ol özüniň sagdyn durmuş we fiziki owadanlyk baradaky düşünjelerini Seniň taglymatyň esasynda gurnasyn. Oňa öz teni babatda edil Mukaddes Ruhuň ybadathanasyna kimin seretmegine kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. 1 Korintoslylar 6:19–20 Biri Hudaýyň ybadathanasyny ýyksa, Hudaý hem ony ýykar, çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir. Ine, şol ybadathana sizsiňiz. 1 Korintoslylar 3:17 Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr. Rimliler 12:1 Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň. Rimliler 13:14 Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. 1 Korintoslylar 10:31 14-NJI BAP NÄDIP ÇAGADA ÖWRENMEKLIK WE HUDAÝY TANAMAKLYK ISLEGINI DÖRETMELI Okuwyň özüm üçim ýeňil bolandygyna seretmezden, mekdep ýyllary meniň üçin ýeňil bolmadyk psihologik synag boldy. Şu sebäbe görä, men hiç haçan hem öz çagalarymyň mekdepdäki üstünlikleri üçin dileg etmedim. Bu çagalarymyzyň birinde disleksiýa[2] keseliniň peýda bolanyna çenli dowam etdi. Çagamyzyň gaty bilimli we ukyply bolanlygy üçin, okuwynda nähilidir bir kynçylyk peýda bolup biler diýen pikir meniň kelläme-de gelmändi. Çagalarymyzy mekdepde okatmaklyk ýagdaýynyň ärim bilen ikimiz üçin gutarnyksyz söweşe öwrülendigine seretmezden, tä onuň kynçylyklarynyň aýan bolup, medisina tarapyndan kesgitlenenine çenli onuň bilen näme bolýandygyna biz düşünip bilmedik. Munuň bilen baglanyşykly bolan ençeme gaýgylary başymyzdan geçirendigimize seretmezden, biziň hemişelik goldawymyz dileg boldy. Ärim, men we biziň ynanýan dostlarymyz çagamyzyň doly sagalmagy hakynda, Hudaýyň bolsa özümize teselli berip, bolýan ýagdaýlarda çagamyzyň adaty däldigini görmeklige özümizi öwretmegi hakynda dileg etdik. Biziň barymyz hem nämededir bolsa bir zatda kämil däldiris. Biziň bagtymyza, özümiziň ýetmezçiliklerimiziň öwezini Hudaý Öz güýji bilen doldurýar. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Bir zady hamala özümizden ýaly saýmaga biziň özümiz ukyply däl-de, eýsem, ukybymyz Hudaýdandyr» (2 Korintoslylar 3:5). Bu wada ýerine ýetdi: Hudaý biziň çagamyzyň mekdebi üstünlikli gutarmagyna kömek etdi, biz bolsa bütin bu ýyllaryň içinde hakyky bilim bilen akyldarlygy bize diňe Hudaýyň berýändigine göz ýetirdik. Hudaýy tanamaklygyň Onuň öňündäki hormatdan we Onuň ýollaryndan ýöremeklikden başlaýandygy hakynda Mukaddes Kitap bize gürrüň berýär. Eger biz Onuň sözlerine gulak asyp, Onuň parzlaryny ýüregimizde saklaýan bolsak, eger biz Onuň ýollaryna dogry düşünmeklige ymtylyp, munda Onuň akyldarlyk bermegini dileýän bolsak, eger biz gizlin hazynany gözleýşimiz ýaly akyldarlygy hem şonuň ýaly sabyrsyzlyk bilen agtarýan bolsak, onda biz Hudaýy tanarys (Süleýmanyň tymsallary 2:1–12 seret). Hudaýy tanamaklyk bolsa neneň giňdir! Ol edil özümizi ýamanlykdan goraýan galkan kimin beýikdir. Çaganyň okuwa ukyplylygy we bilime bolan ymtylyşy onuň tebigy häsiýetleri däldir. Çagamyzyň hatda heniz göwrede bolan pursadynda hem biz şeýle diýip dileg edip bilýändiris: «Eý Hudaý, goý, meniň bu çagam Sen tarapyndan güýçli akyl bilen sagdyn teniň kämil birliginde ýaradylsyn. Sen bolsa onuň baky Mugallymy bol». Bu barada näçe ir dileg edip başlasak, şonça-da gowudyr. Çagaňyzyň näçe ýaşynda bolýandygynyň hem parhy ýokdur — siziň dilegleriňiz onuň durmuşyndaky ençeme zatlary düýpgöter özgertmäge ukyplydyr. Dileg Eý Hudaý, men öz çagamyň Seniň öňüňde we Seniň ýollaryňyň öňünde çuňňur hormat goýmaklygy hakynda dileg edýärin. Goý, ol Seniň sözüňi öz ýüreginde edil hazyna ýaly saklap, kümüşdir altyny gözleýişleri ýaly çagam bilimi we akyldarlygy edil şeýle gözlesin. Oňa aýdyň akyl, bilim we okuwa ukyplylygy ber. Oňa okamaklyk, bilim we paýhas almaklyk islegini ber. Goý, bu ymtylyşlarynda şatlyk onuň hemrasy bolsun. Emma iň esasy — bu çagamyň Senden öwrenmekligi hakynda dileg edýärin, çünki çagalarymyzyň Senden öwrenenlerinde, olar öz ýüreklerinde parahatlyk tapýandyklary hakynda Seniň sözüňde aýdylýandyr. Mukaddes Kitapda şeýle diýlendir: «Rebden gorkmaklyk bilimiň başlangyjydyr; akmaklar bolsa hikmet hem terbiýäni har edýändir» (Süleýmanyň tymsallary 1:7). Goý, meniň çagam hiç haçan hem akyldarlykdan ýüz öwren samsyk bolmasyn, emma özüniň mätäç bolan bilimi üçin Saňa ýüz tutsun. Öz çagamyň (çagaňyzyň ady) atasy bilen enesiniň akyldarlygyna hormat goýmaklygy, olardan we öz durmuşynda Sen tarapyndan berlen mugallymlardan öwrenmekligi islemegi hakynda dileg edýärin. Eý Hudaý, ol mugallymlary gora we olaryň ynanýan adamlar bolup, çagamy ýagşylyga öwretmäge ukyply bolmaklary hakynda dileg edýärin. Goý, çagamyň durmuşynda çagalary Seniň ýollaryňdan daşlaşdyryp, özüniň mugallymlyk borjuny ýetire ýetirmeýän mugallymlar bolmasyn. Meniň çagamy (çagaňyzyň ady) öz mugallymlary bilen oňat gatnaşyklarynyň bolmaklygy hakynda Saňa dileg edýärin. Ähli dersler boýunça hem çagamyň ýetişmekligi hakynda kömek soraýaryn. Oňa arassa akyl we oňat ýat bermekligiň hakynda soraýaryn. Ogluma (gyzyma) özüniň okuw döwrüni dogry gurnamaklygy öwret. Goý, ol ukyply okuwçy bolsyn. Men öz çagama Seniň sözüň boýunça diýýärin: «Ýüregiňi terbiýä we gulaklaryňy bilim sözlerine ber» (Süleýmanyň tymsallary 23:12) we «Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer» (2 Timoteos 2:7). Eý Hudaý, oňa Seni we Seniň sözüňi tanamaklygyň netijesinde şatlyk duýgusyny ber. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Ähli ogullaryň Rebden tälim alar, ogullaryň parahatlygy uly bolar. Işaýa 54:13 Hikmeti we terbiýäni bilmek üçin; düşnükli sözlere düşünmek üçin; akylly hereket, dogrulyk, hak we adyllyk terbiýesini almak üçin; mön adama parasat, ýaş adama bilim we düşünje bermek üçin; tymsala we matala, akyldarlaryň sözlerine we tapmaçalaryna düşünmek üçin; akyldar adam diňläp, bilimde össün, düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn. Süleýmanyň tymsallary 1:2–6 Görnüşiň ýetmezçiligy üçin Meniň halkym gyrlar: Görnüşi terk edendigiň üçin, Men hem seni Öz alnymda terk ederin; öz Hudaýyňyň kanunlaryny ýadyňdan çykaranlygyň üçin, Menem seniň perzentleriňi ýadymdan çykararyn. Hoşeýa 4:13 Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýyşyňdyr. Süleýmanyň tymsallary 4:13 Oglum, hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdirer ýaly, sözlerimi unap, tabşyryklarymy ýüregiňde ýygşyrsaň; hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünje üçin gygyrsaň; ony kümüş kimin gözleseň, gizlin hazyna kimin agtarsaň; Rebden gorkmalydygyna şonda düşünersiň, Hudaýy tanarsyň. Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr. Süleýmanyň tymsallary 2:1–6 15-NJI BAP ÇAGAŇYZDAKY HUDAÝYŇ SYLAGLARY BOLAN UKYPLARY WE BAŞARJAŇLYKLARY NÄDIP BILMELI Çagalarymyň doglan gününden başlap, men Hudaýyň olara beren ukyplaryny özüme açmaklygy we Öz şöhraty üçin ol ukyplary çagalarymyň mümkin boldugyndan oňat ýagdaýda ösdürip bilmekleri hakynda dileg edip başladym. Çagalarymyz heniz ýaşkalar, olaryň saza ukyplydyklary dessine aýan boldy we men ärim bilen çagalarymyzyň şu ukyplarynyň «ýere gömülmän» galmaklary üçin näme etmelidigimiz barada dileg edip başladyk. Kristoferiň dört ýaşy dolanynda, biz ony fortepianoda oýnamaklygy öwretmekligi çökdük, onuň özi bolsa munuň üçin ähli ukybyny ulandy. Ýöne birnäçe ýyldan soň ol özüniň saz bilen baglynyşykly gyzyklanmalaryny ýitirdi. Şonda men çagamyň ukybyny «gizlemeklige» hukugymyň ýokdugyny Hudaýyň özüme aýdýandygyna düşündim. Şonuň üçin hem men şeýle karar kabul etdim: her bir sazçylyk sapagyna gatnaşýanlygy üçin çagama 25 sent tölärin. Bu çözgüt maňa Mukaddes Ruhdan gelendigi anyk, çünki şondan bäri tä on iki ýaşy dolanyna çenli, men Kristoferden fortepiano sapagy boýunça ýekeje-de närazylyk eşitmedim. Şonda men onuň indi kakylyp çalynýan saz gurallaryny öwrenmeklik wagtynyň gelip ýetendigini duýdum. Kristofer şeýle gurallarda oýnamaklygy arzuw edýärdi. Bu gezek men oglumyň saz boýunça sapaklaryna üns bermegini haýyş etmegim gerek bolmady; bary tersine boldy! Indi Kristofer elektron klawişli, kakylyp çalynýan we bas-gitara ýaly gurallarynda oýnaýar, ýöne öz aýdymlaryna sözleri henizem fortepianoda düzýär. Hut fortepianoda hem ol aranžirleýär. Onuň saz boýunça üstünliklerini mugallymlary onuň kiçi wagtyndan başlap alan sapaklary bilen düşündirýärler. Ol sapaklaryň bolsa Hudaýyň erki bilen bolandygyna bizde hiç hili hem şübhe ýokdur. Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygyny biz hatda gyzymyzyň ses ukyplaryny ösdürenimizden hem duýupdyk. Çagalarymyzyň ukyplaryny duşmanyň özüni şöhratlandyrmaga ýa-da hiç bolmanda, olaryň Hudaýyň şöhraty üçin ulanmaklygyna päsgel bermeklige synanyşanynda, biz bu kynçylyk hakynda dileg etmeklige borçludyrys. Çagalarymyzyň ukyplarynyň ösmekligi hakyndaky dileg bizden sabyrlylygy talap edýändir, çünki bu maksat çalt ýerine ýetýän däldir. Çagalarymyň durmuşyndan (olaryň 12–14 ýaşlarynda) şeýle ýagdaýlar bolup geçdi: olarda häzirki saz sungatyna bolan höwes güýçlendi. Bilşimiz ýaly, häzirki saz sungaty özüniň betnaşyn geýimleri, käbir sazçylaryň özlerini ahlaksyz alyp barmaklary bilen tanalýandyr. Men ärim bilen çagalarymyz bilen däl-de, şeýtan bilen söweş alyp barýandygymyza düşündik, emma şeýle-de biz olaryň gyzyklanmalary hakynda öz pikirimizi anyk aýdyp, mümkin bolan hereketleriniň çäklerini kesgitleýän düzgünleri goýmalydygymyzy bilýärdik. Mysal üçin, biz olar üçin diňlemäge rugsat berlen saz eserleriniň göwrümini görkezmelidik. Bu diýmeklik — biziň öz çagalarymyza häzirki sazy diňlemekligi bütinleý gadagan edengimizi aňlatmaýardy; ýöne biz olaryň edýän işleriniň ählisiniň «Hudaýyň şöhraty» (1 Korintoslylar 10:31) üçin edilmelidigini bilýärdik. Çünki Hudaý bizi hut şuňa çagyrýandyr. Biz çagalarymyzyň gözleriniň dünýäniň synaglaryndan aýrylyp, özleri üçin Hudaýyň bellänine dikilmegi üçin dileg edýärdik. Biz çagalarymyzyň girmeli gapylarynyň ählisiniň açyk, girmeli däl gapylarynyň ählisiniň bolsa ýapyk bolmaklygy üçin dileg etdik. Ençeme gezek biz öz dileglerimiz üçin jogap aldyk. Mysal üçin, bir gezek Kristoferi dürli saz toparlarynyň çykyşlaryna gatnaşmaklyga çagyrdylar. Ärim bilen biziň ýüregimiz rahat däldi we biz oglumyzyň şu hereketiniň dogrudygyna şübhelenýärdik. Haçanda onuň 18 ýaşy dolanynda, ony «Sparrow Records» üçin aýdym ýazyp, aranžirowra etmeklik üçin çagyrdylar. «Sparrow Records» — bu mesihi sazlaryny ýazdyrýan saz toparydy. Kristoferi çagyranlarynda, olar Hudaýa öwgi aýdymlarynyň ýazgylaryny etmek isleýärdiler. Bu gezek şu teklibiň Hudaýdan gelendigine men ärim bilen anyk düşündik. Çünki biz Kristoferiň öz ukyplaryny Hudaýyň şöhraty üçin ulanmaklygy hakynda dileg edipdik. Emma şunuň bilen biz dileg etmegimizi bes etdirmedik. Biz sazçylyk işiniň sahnadan aňyrky durmuşyny gowy bilýäris we şol pursat biz çykyşlar bilen dürli ýerlere gitmekligiň höwesleriniň we synaglarynyň ýaş mesihi üçin neneň howp getirip biljekdigine anyk düşünýärdik. Şonuň üçin hem biz şu gün hem Kristoferiň Hudaýdan alan başarjaňlygyna wepaly galyp, ony Hudaýyň şöhraty üçin ulanmaklygy hakynda dileg etmegimizi dowam etdirýäris. Hudaý siziň çagaňyzy nähili sylaglar we ukyplar bilen üpjün etdi? Olar her bir adamda bardyr, hatda eger siz olary görmeýän hem bolsaňyz, olar bardyr, çünki «her kişiniň Hudaýdan öz sylagy bardyr; biriniňki bir hili, başga biriniňki başga hilidir» (1 Korintoslylar 7:7 seret). Käwagtlar ata-enäniň dilegi olaryň aýan bolmaklaryna kömek edýändir. Haçanda Hudaý siziň çagaňyzyň ajaýyp geljeginiň syryny açanynda, dileg ediň. Ol geljegiň tizräk gelmegi üçin söýgi bilen dileg ediň. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Işinde gaýratly adamy görýärmisiň? Ol patyşalar huzurynda durar; garamaýak adamlaryň huzurynda durmaz» (Süleýmanyň tymsallary 22:29). Çagaňyza ýokardan berlen ukyplaryny ösdürmekligi hakynda Hudaýa dileg ediň. Öz ogluňyzyň (gyzyňyzyň) bu dünýäde beýik maksatnamasynyň bardyny oňa düşündiriň. Her bir çaganyň öz ukyplary bardyr we olaryň öz wagtynda aýan bolup, ösüp we Hudaýyň şöhratynyň artmaklygy üçin ulanylmagy hakynda dileg ediň. Dileg Eý Hudaý, men öz çagamyň sylaglary we ukyplary hakynda töwellaçylyk bilen Seniň öňüňe gelýärin. Men Senden haýyş edýärin: olary görüp bilip, Seniň şöhratyň üçin ulanmaklygyna kömek et. Maňa we meniň ogluma (gyzyma) onuň ukyplaryny aç we olary ösdürmeklik üçin näme etmelidigini görkez. Ol ukyplary Seniň görkezýän ugruňda we Seniň kesgitlän wagtyňda ösdürmeklige kömek et. Özümiziň merhemet arkaly alan her bir sylaglarymyzy aýan etmekligi Seniň sözüň bize tabşyrýandyr (Rimliler 12:6 seret). Öz ukyplarynyň Seniň sylaglaryňdygyny bilen badyna, goý, hiç zat hem, ýagny ne gorky, ne özüne ýeterli baha berip bilmezligi, ne-de özüne ynamsyzlygy onuň bu sylaglary Seniň şöhratyň üçin ulanyp bilmekligine päsgel bermesin. Goý, ol diňe Saňa gulak asyp, durmuşynyň manysyny ýitirmän, özüniň maksatnamasyny gözlemeklige wagtyny biderek sarp etmän, özüniň öňünde Seniň goýan maksatlaryňa ýetip bilsin. Eý Hudaý, goý, onuň sylagy biderek ulanylmasyn ýa-da Seniň şöhratyňdan daşary ulanylmasyn. Men Senden haýyş edýärin: çagama öz durmuşynyň iň esasy işini aýan et we ony doly ýerine ýetirip bilmegine kömek et. Onuň elleriniň işlerine pata ber, özüniň söýgüli işi bilen durmuşyny ekläp bilmekligine ukyp ber. Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «Ynsanyň sowgady oňa orun açýandyr we ony uly adamlaryň öňüne getirýändir» (Süleýmanyň tymsallary 18:16). Goý, onuň zähmeti adamlar tarapyndan mynasyp bahalandyrylsyn. Emma çagama Özüňiň beren sylaglaryňyň we ukyplaryňyň hut Seniň şöhratyň üçin ulanylmagy hakynda has köp dileg edýändirin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz. Rimliler 11:29 Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi. Efesliler 4:7 Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin. 1 Petrus 4:10 Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir. Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr. Ýakup 1:17 Men Mesih Isada size berlen Hudaýyň merhemeti üçin, siz barada elmydam Hudaýa şükür edýärin. Çünki siz Onda her zada, her söze we her bilime baý bolduňyz. Biziň Mesih hakdaky güwäligimiz sizde berkedi. Şonuň üçin hem siz Rebbimiz Isa Mesihiň aýan bolmagyna garaşyp, hiç bir sylagda ýetmezçiligiňiz ýokdur. 1 Korintoslylar 1:4–7 16-NJY BAP NÄDIP ÇAGA ÝAŞAÝYŞ SÖZLERINI AÝTMAKLYGY ÖWRETMELI Bir gezek men oglumyň mekdepden gelip, birnäçe hapa sözleri aýdandygyny eşitdim. «Bu ýaman sözler, — diýip, men oňa aýtdym. — Eger beýle sözleri aýtmaly däldigini bilýän hem bolsaň, onda nädip olary aýdyp bildiň?» «Biziň mekdebimizde hemmeler hem şeýle gepleýärler» — diýip, oglum jogap berdi. «Eger beýlekiler ýaman hereket edýän bolsalar, sen hem olar ýaly etjekmi?» — diýip, men ondan soradym. Onsoň men birden birnäçe hapa sözleri aýtdym. Men ol sözleri Hudaýa gelmezimden ön ulanyp, onsoň Mukaddes Ruh arkaly olardan azat bolupdym. Oglum maňa gözlerindäki gorky bilen seredip, şeýle diýdi: «Eje! Sen näme diýýäň!» «Beýlekiler hem şeýle diýýärler, — diýip, men jogap berdim. — Bu sözleri menden eşitmeklik saňa ýaraýarmy?» «Bu elhenç» — diýlen jogap geldi. «Bilýäňmi, — diýip, men sözümi dowam etdirdim, — men islän wagtym şu dilde gepläp bilýärin, emma muny islemeýärin. Meniň sözlerim seni, seniň ruhuňy masgalaýar. Sen şeýle sözleri ulananyňda, olar meniň ruhumy masgaralaýar. Şeýle zatlary bizden eşiden Hudaýyň Ruhunyň Özüni neneň duýýandygyny göz öňüňe getir. Bizde saýlaw bar: Mukaddes Ruhy öz agyzlarymyz bilen ýa-da masgaralamak, ýa-da şöhratlandyrmak. Hudaý bizi bu ýagdaýlaryň her birinde-de söýýändir, emma birinjide pata alýandyrys, ikinjide bolsa lapykeçlik». Şondan bäri men Kristoferiň ýetginjeklik ýaşyna ýetenine çenli ondan ýekeje-de hapa sözleri eşitmedim. Şol gün biziň aramyzda ýene-de gürrüň boldy we ol gürrüňi oglum şu güne çenli hem ýadynda saklaýandyr diýip umyt edýärin. Özümiň ulanan usulymyň her kimi hem geň galdyryp bilýändigini men bilýärin. Ol meni hem geň galdyrdy we şol sözleri aýdan wagtymda, özüme ýapyşan hapalardan arassalamagy üçin men Hudaýa dileg etdim. Emma olar meniň kellämden hiç-de çykmady. Men ol sözleri bary-ýogy olaryň dargadyjy güýjüni görkezmeklik üçin ulanypdym. Men bu usuly hiç kimiň hem ulanmazlygyny maslahat berýärin. Ol ýagdaýy men diňe özümiziň ulanýan sözlerimiziň nähili güýje eýediklerini görkezmeklik üçin getirdim. Biziň özümiz öz daşymyzdaky dünýäni döredýändiris. Biziň sözlerimiz güýje eýedir we onuň yzysüre, olar ýa-da ýaşaýyş, ýa-da ölüm getirip bilýändir. Durmuşymyzda käbir sözleriň uly kynçylyklary we betbagtçylyklary getirýändigi, beýlekileriň bolsa bizi olardan goraýandygy hakynda Mukaddes Kitap duýduryş berýändir. Şeýle-de, sözler biziň durmuşymyzy halas edip bilýändir. Mukaddes Kitap bize şeýle duýduryş berýär: «Agzyny saklaýan janyny goraýandyr; agzyny giň açana bolsa heläkçilik bardyr» (Süleýmanyň tymsallary 13:3). «Mende hiç bir oňat zat ýok», «Meniň ölenim oňatdyr», «Ýaşaýyş elhenç», «Adamlar elhenç», «Men hiç bir zada hem ýaramaýaryn» diýen Hudaýa ýaramaýan sözleriň Mukaddes Ruhdan doly bolman, garaňkylyga bürenen ýürekden çykýandygyny görkezýändir. Eger siz öz sözleýşiňize barlagçylyk edip bilmeseňiz, onda bu sözler şeýtanyň çagaňyzyň durmuşynda ulanyp biljek ähli ýamanlyklarynyň köki bolup bilýändir. Eger biz Hudaýyň yzyna eýerýän bolsak, onda her bir aýdan sözümiz üçin jogap bermeli bolýandygymyz hakynda Mukaddes Kitap duýduryş berýändir. Agyr jeza bizi köplenç bu ýerdäki ýaşaýşymyzda hem başymyza düşýändir. Meniň pikirimçe, erkiňi eliňe alyp, ýeňillik bilen çydap bolýan zatlar üçin şeýle gymmat bahany tölemekligiň geregi ýokdur. Öz agzymyz bilen biz daş-töweregimize söýgi, şatlyk we parahatlyk seçip bilýändiris, şeýle-de, tersine, öz agzymyz bilen hem duşmançylygy ekip, ýigrenji döredip hem bilýändiris. Biz öz çagalarymyzyň agyzlarynyň ýaşaýyş sözlerini aýtmaklaryny isleýändiris. Elbetde, bu diýmeklik — indi olaryň öz erbet duýgularyny gizlemeli bolarlar diýmekligi aňlatmaýandyr. Ýöne olaryň ulanýan sözleri özlerini Hudaýy tanamaklyga, toba etmeklige we dargatmaklyk üçin däl-de, şypa tapmaklyk üçin Hudaýyň öňünde boýnyburuklyga getirmelidir. Çagalarymyzyň agyzlaryndan çykýan sözler olaryň özlerine, töweregindäkilere, durmuşlaryndaky ýagdaýlara erbet täsir edeninde, biz çagalarymyzyň ýaşaýyş sözlerini tapyp bilmekleri üçin, olary Hudaýyň Sözüne gönükdirmelidiris. Sözleýşi üýtgetmekligiň iň dogry usuly — bu ýüregiňi üýtgetmekdir, çünki «agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir» (Matta 12:34 seret). Mukaddes Ruhdan we Hudaýyň Sözüniň hakykatyndan doly bolan ýürekden Hudaýa ýakymly bolan sözler çykýandyr. Ol sözler özlerini aýdýanlar üçin hem, özlerini diňleýänler üçin hem ýaşaýyş getirýändir. Hut şundan hem biziň dilegimiz başlanmalydyr. Dileg Eý Hudaý, men öz çagamyň (çagaňyzyň ady) Seni şöhratlandyrýan sözleri aýtmaklygy islemegi hakynda dileg edýärin. Onuň agzyndan ölüm sözleri däl-de, ýaşaýyş sözleriniň çykmaklary üçin çagamyň ýüregini Öz Mukaddes Ruhuň we Öz hakykatyň bilen doldur. Boş, ýaman, gaharjaň, öýkeli, samsyk, hapa ýa-da gödek sözleri aýtmaklyga bolan synaglarynyň her biri onuň ruhy üçin paş ediji bolup, ony toba getirsin. Çagam üçin hapa we ýaman sözleriň ýigrenji bolmaklygy üçin dileg edýärin. Eger-de haçan hem bolsa bir wagt çagamyň agzyndan şeýle sözler çykaýsa, onda olar onuň üçin batga öwrülip, ýigrenç kimin bolsun. Hiç bir oýlanylmadyk we ýeňilkellelik bilen aýdylýan sözleriň oglumyň (gyzymyň) agzyndan çykmazlygy üçin oňa öz sözleýşine barlagçylyk edip bilmekligine kömek et. Oglumyň (gyzymyň) hususy dili bilen gurlan duzaklardan ony gora. Sen Öz Sözüňde: «Agzyny, dilini saklaýan janyny muşakgatdan goraýandyr» diýip, wada berýärsiň (Süleýmanyň tymsallary 21:23). Onuň öz dilini goramaklygyna öwret we ony her bir betbagtçylykdan gora. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Ölüm we ýaşaýyş diliň ygtyýaryndadyr; dili söýýänler onuň miwesinden iýer» (Süleýmanyň tymsallary 18:21). Adamlar bilen her bir ýagdaýda nädip we haçan geplemelidigine düşünip bilmekligine çagama kömek et. Goý, ol hiç haçan hem hapa sözleri ulanman, mydama diňe umyt, şypa, goldaw we burmuş getirýän sözleri ulansyn. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, meniň Gaýam, Halasgärim. Mezmur 19:14 Oňat adam oňat hazynasyndan oňat zat çykarar, erbet adam erbet hazynasyndan erbet zat çykarar. Matta 12:35 Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde hasap berer. Çünki siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz. Matta 12:36–37 Hoş sözler jana bal ýaly süýji, süňklere şypadyr. Süleýmanyň tymsallary 16:24 Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir; akyldaryň dili bolsa şypa berýändir. Süleýmanyň tymsallary 12:18 17-NJI BAP NÄDIP ÇAGADA MUKADDESLIGE BOLAN YMTYLMANY DÖRETMELI Arassaçylykda we mukaddeslikde ýaşamaklyga öwredilen çagalaryň ýüzleri aýdyň, bagtly we täsin owadandyr. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 20:11). Biz çagalarymyzyň dogryçyl we özleriniň ahlak taýdan arassaçylyklary bilen daş-keşpleriniň hem owadan bolmaklaryny isleýändiris. Ýöne bu öz-özünden bolup geçýän däldir. Muňa öwredilmelidir. Çagalary Hudaýyň ýollarynyň arassalygyna öwretmekligiň we özümiziň olar üçin Hudaýa wepaly bolmaklygyň göreldesi bolup bilýändigimize seretmezden, hakyky mugallym diňe Mukaddes Ruh bolup durýandyr. Mukaddeslik Hudaýa bolan söýgüden başlaýandyr. Mukaddes Kitap biziň her birimize şeýle nesihat berýändir: «Özüňi tämiz sakla» (1 Timoteos 5:22 seret). Bu tabşyrygy ýerine ýetirmeklik her bir adam üçin, esasan-da çaga üçin ýeňil däldir. Ony diňe Hudaýa, Onuň kanunyna we Mukaddes Ruhuň güýjüne bütinleý özüňi tabşyranyňda ýerine ýetirip bolýandyr. Biz täze jaýymyza göçenimizde, meniň oglum ýaňy mekdebi gutarypdy we täze jemgyýete öwrenişmeklik onuň üçin kyndy. Bu ýetginjek üçin, hatda Hudaýa çuňňur ynanýan adam üçin hem ýeňil synag däldi. Bu kiçijik hususy mekdepdi. Birinji hepdäniň içinde Kristofer özüniň ähli synpdaşlary bilen tanyşdy. Olaryň ählisiniň içinden Sendi atly bir oglan aýratyndy. Ol örän oňat sportçydy, gowy okaýardy we dürli üstünlikleri üçin ençeme gezek sylaglapdylar. Emma Sendiniň iň wajyp häsiýeti — bu onuň sözleriniň we işleriniň Hudaýyň öňünde we Onuň parzlarynyň öňünde özüniň hormat goýýandygyny görkezmegidi. Bir gezek ähli oglanlar ertirlik naharynyň başynda ýygnananlarynda, kimdir biri betgelşik degişme aýdypdyr we hemmeler gülüpdirler. Ýekeje Sendi gülmändir. Meniň oglum hemmeler bilen bile özüniň hem gülendigini boýun aldy. «Men täze gelen ahyryn we men özümi gelmişek ýaly görkezmezlige çalyşdym» — diýip, ol bolan waka barada gürrüň berip, özüni aklamaga başlady. Tizara Kristofer Sendiniň hiç haçan hem erbet degişmelere gülmeýändigine, çilim çekmeýändigine, her hili içgiler içip, hapa sözleri aýtmaýandygyna üns berdi. Emma bulara garamazdan, hemmeler ony söýüp, oňa hormat goýýardylar. Bir gezek men ata-eneler ýygnagyndan öýe dolanyp gelip, özümiň şol ýerde tanyş bolan bir täsin aýalym hakynda Kristofere gürrüň berdim. «Ol aýal ähli adamlardan bada-bat tapawutlanýar. Onda şeýle bir mähirlilik, ýylylyk we söýgi bar welin, ol edil hakyky Hudaý adamy ýaly. Şeýle-de, ol gaty degişgen aýal. Onuň bilen gürrüňdeş bolmaklyk maňa şeýle bir ýarady welin, edil biz bütin ömür tanyş ýaly bolduk». Men ol aýal barada gürrüň berenimde, Kristofer: «Ol aýal Sendiniň ejesi ahyryn» diýip seslendi. «Elbetde, — diýip, men jogap berdim. — Nädip men muňa çalt düşünmedim! Sendide diňe şeýle — ruhda güýçli, çyn ýürekden ynanýan we dileg edýän ata-enesi bolup bilýändir. Tötänlik zerarly çagalar Sendi ýaly bolýan däldirler, olary hökman şeýle terbiýelemek gerekdir». Bütin okuw döwründe biz bu ajaýyp maşgala syn etdik we onuň her bir agzasynyň täsin şahsyýetdiklerine göz ýetirdik. Näme üçin? Çünki olaryň durmuşlarynyň esasynda özlerini görkezmeklik ýa-da magtanmaklyk däl-de, Hudaýa bolan uly hormat we Onuň ýollary bolan mukaddeslik we arassalyk ýollaryndan ýöremeklik durýardy. Bireýýäm meniň oglum ol mekdepde okamaýar we biz Sendiniň maşgalasy bilen gatnaşyk etmeýäris, çünki biziň durmuş ýollarymyz dürli tarapa gitdi, emma biz hiç haçan hem ol maşgalany ýadymyzdan çykarmarys. Olaryň mysaly bizi has ýokary zatlara bolan ymtylma berdi, biziň ahlak taýdan özümizi alyp barşymyzyň ýokary bolmagyna kömek etdi we tämizligi söýmeklige bize öwretdi. Geliň, çagalarymyzyň dogruçyl durmuşy söýmekleri üçin dileg edeliň. Goý, bu dogruçyl durmuş olary özlerine berk çeksin. Goý, özlerini bir zadyň erbet iş etmeklige itekläninde, çagalarymyz şol bada duşmany tanap, synagy ýeňip bilsinler. Mukaddes Kitapda şeýle ýazylandyr: «Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy» (1 Selanikliler 4:7). Hudaýyň tabşyryklary boýunça ýaşamaklyk — tämizligi we bütin adamzat şahsyýetiniň bütewiligini göz öňünde tutýandyr. Ahlaklylyk — hakyky mukaddesligiň esasydyr. Dogruçyllyga ymtylýan we Hudaýa agtarýan çagalar mydama pataly we durmuşda güýli bolýandyrlar. Sendi — Mukaddes Kitapda aýdylýan adamyň nusgasydyr: «Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol» (Timoteos 4:12). Çagalaryň mukaddesligiň we tämizligiň ýoluna eýermeklerinden başga hiç bir oňat zat ýokdur. Geliň, biziň öz çagalarymyzyň hem olaryň arasyndan bolmaklary üçin dileg edeliň. Dileg Eý Hudaý, men şu dilegimde öz çagamyň (çagaňyzyň ady) ýüregini Özüňe bolan söýgüden doldurmaklygyň hakynda haýyş edýärin. Goý, onuň Saňa bolan ymtylmasy güýli bolsun. Öz parzlaryňa hormat goýmaklygy oňa öwret we goý, ol Seniň şol parzlaryňyň özüniň ýagşylygy üçin berlendiklerini bilsin. Goý, eger ol Seniň parzlaryňa boýun bolmasa, onda durmuşynyň üstünlikli bolmajakdygyny bilsin. Durmuşyna günäniň aralaşmazlygy üçin, goý, ol Seniň taglymatyňa eýersin. Goý, ol her bir ýamanlygy, haramy, hapa pikirleri we sözleri, erbet işleri terk edip, Mesihe meňzeş bolmaklyk maksady bilen täzizligiň we mukaddesligiň güýjüni duýsun. Goý, ol mydama Seni agtarsyn, eý Hudaý. Sen Öz Sözüňde şeýle diýýäň: «Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler» (Matta 5:8). Goý, çagamyň ýüreginden çykýan dogruçyl ýaşamaklyk islegi onuň ähli işlerinde we daş-keşbinde görünsin. Goý, onuň geýimleri, saçy, ýüzüniň bolşy, daş-keşbi Seniň öňüňdäki hormat hakynda we Seni şöhratlamak islegi hakynda güwälik etsin, eý Hudaý. Eger meniň olgum haçan-da bolsa bir wagt mukaddesligiň ýolundan çyksa, onda ony toba getir we onuň ýüregidir durmuşyny arassala. Dogruçyl ýaşaýşyň Seni görmeklik ýaly uly sylagy we patany getirýändigini meniň ogluma öwret. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Rebbiň dagyna kim çykar? Onuň mukaddes mekanynda kim durar? Elleri tämiz we ýüregi sap adam; onuň ruhy galplyga gönükdirilen däldir, ol hile bilen kasam eden däldir. Ol Rebden ak pata, gutulyşynyň Hudaýyndan dogrulyk alar. Mezmur 24:3–5 Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir. Şeýlelikde, eger biri özüni bu abraýsyz işlerden tämizlese, onda ol hormatly maksatlara ýaraşykly, mukaddes edilen, hojaýynyna peýdaly we her bir oňat işe taýýar gap bolar. 1 Timoteos 2:20–21 Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip timarlar, tämizlär. Ýahýa 15:2 Ol ýerde şaýol we ýol bolar, oňa mukaddes ýol diýler; ondan murdar adam geçmän, ol diňe şol ýoldan ýöreýänleriňki bolar; onda mön adamlar-da azaşmaz. Ol ýerde arslan bolmaz; ýyrtyjy haýwan oňa çykmaz, onda tapylmaz; ondan diňe gutulanlar ýörärler. Rebbiň gutaranlary öwrülip, nagma bilen Siona bararlar, baky şatlyk olaryň başynda bolar; olar begenje, şatlyga gowşarlar, gaýgy we hay-nala gaçyp gider. Işaýa 35:8–10 Bir nesil bardyr, öz gözüne päk görünýändir, aslyýetinde bolsa murdarlygyndan ýuwlan däldir. Süleýmanyň tymsallary 30:12 18-NJI BAP NÄDIP ÇAGA OTAGYNY GORAMALY Meniň çagam on bir ýaşyna ýeteninde, birden hiç bir görünmeýän sebäplere görä, ony gijelerine her hili gorkular yzarlap başlady. Gorkunç filmlere ol seretmeýärdi we şonda-da onuň bilen hiç bir geň zatlar bolup geçýärdi. Biz bu barada Kristofer bilen birnäçe gezek dileg etdik, emma elhenç düýşler ony gününe goýmady. Bir gezek bu ýagdaýyň sebäbini açmaklygy hakynda Hudaýdan soranymda, men oglumyň otagyny gözden geçirmeklik islegini duýdum. «Eý Hudaý, eger oglumyň otagynda bolmaly däl zat bar bolsa, onda ony maňa görkez» — diýip, men dileg etdim. Şol pursat aýaklarm meni kompýuteriň ýanyndaky oýunly diskleriň duran stoluna tarap äkitdi. Meniň gözüm ilki bilen Kristoferiň ýygnakdaky dostlaryndan wagtlaýyn alan diskine düşdi. Diskiň daşy her bir çagalar üçin niýetlenen başdangeçiriji oýny ýaly adaty görünýärdi. Diski açyp, men oýnuň düzgünlerine üns berdim we onda hem hiç bir ýaman zady görmedim, emma diskiň gutusynyň arka tarapyna seredenimde, şeýtanyň nejis nyşanyny gördüm. Men gaty geň galdym we: «Eý Hudaý, Saňa minnetdarlyk bildirýärin» diýip, haýal etmän, ol diski otagdan çykardym. Eger ol oýun meniň oglumyňky bolsady, onda men ony dessine ýok ederim, emma şol ýagdaýda men ol diskiň eýesiniň ata-enesine jaň edip, özümiň açyşym barada gürrüň berdim. Olar hem menden beter haýran galdylar, çünki olar bu barada hiç zat hem bilmeýärdiler. Kristofer mekdepden geleninde, men oňa öz açyşym barada gürrüň berdim. Ol özüniň bu düzgünleri soňuna çenli okamandygyny we onda nämäniň bardygyny heniz bilmeýändigini aýtdy. Ol hiç-de şübhelenmän, bu diski gaýtaryp bermekligi çözdi. Şol günüň agşamynda men ärim bilen oglumyzyň otagyna zeýtun ýagyny çaldyk we dileg edip, Hudaýyň ol otagy arassalamagy hakynda soradyk. Biz Mukaddes Kitabyň şu sözlerini ýadymyzda saklaýardyk: «…boýuntyryk semizlikden ýaňa dargar» (Işaýa 10:27). Mukaddes Kitapda köplenç adamlaryň başlaryna zeýtun ýagynyň çalynýandygy hakynda gürrüň edilýändigine seretmezden, onda ýaşaýyş jaýlaryny arassalamak maksady bilen hem zeýtun ýagynyň ulanylan wakalary bardyr. Mysal üçin: «Soňra mesh ýagyny alyp, mukaddes çadyry we onuň ähli zatlaryny mesh et. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddesle, şonda ol mukaddes bolar» (Çykyş 40:9). Öz öňümizde duşmanyň her bir boýuntyrygyny dargatmaklyk we oglumyzyň otagyny her bir nejislikden arassalamaklyk maksadyny goýup, biz gapynyň söýelerine ýag çaldyk we Hudaýdan bolmadyk her bir zadyň otagdan kowulmagy üçin Mukaddes Ruhy çagyrdyk. Özümiziň dogry edendigimiziň subutnamasy hökmünde Kristoferiň gijelerine bolan elhenç düýşleriniň bütinleý ýok bolmagy boldy. Edil olar hiç haçan hem bolman ýalydy. Her bir öý, esasan hem çagalar otagy, wagtal-wagtal arassalanmaga mätäçdir. Eger öz öýümize käbir nejis zatlary getirýän bolsak, onda munuň bilen öz öýümizi dargadýandygymyz hakynda Mukaddes Kitap gürrüň berýär. Öýleri ýaglamaklyk ýagdaýyny arassalamak maksady bilen ýygy-ýygydan geçirmeklik wajypdyr, emma eger siz çagaňyzyň özüni alyp barşynda gorkaklyk ýa-da gödeklik, ýa-da gaharlanmaklyk, ýa-da gaýgylanmaklyk, ýa-da aljyraňňylyk, ýa-da gijelerine özüni erbet duýmaklyk ýaly käbir erbet üýtgeşikleri görýän bolsaňyz, onda bar zadyň oňat tarapa üýtgemekligi üçin çaganyň otagynda dileg etmeklik ýeterli bolýandyr. Mesihi öwgi aýdymlaryny aýtmaklyk, sežde etmeklik gaty oňat täsir edýändir. Şondan soň öz çagalarymda bolan oňat üýtgeşikler hakynda men şaýatlyk edýärin. Men bir maşgalany bilýärin, ol är-aýal ikisi özleriniň on alty ýaşly ogullaryny güýçli içgiler, neşe we erbet ruhy güýçler bilen baglan şeýtana garşy agyr söweşi alyp barmaly boldular. Olaryň ogly heniz mekdepdekä, olar onuň otagynda öwgi aýdymlaryny aýdýardylar, Mukaddes Kitabyň bölekleri agzalýan her hili gürrüňleri diňleýärdiler. Netijede boýun bolmazlyk ruhy döwüldi we oglan bolsa ýene-de ýuwaş we Hudaýy söýüji boldy. Çagaňyzyň otagynda dileg edeniňizde, Hudaýy şöhratlandyrmaýan her bir zady ol ýerden aýryň. Mysal üçin, Hudaýy şöhratlandyrmaýan kitaplary, gazetleri, žurnallary, suratlary, her hili erbet oýunlary, geýimleri, güýçli içgiler we neşe bilen baglanyşykly her bir zady otagdan aýryň. Şonuň bilen birlikde, söýgi we sabyrlylyk bilen ähli edýän hereketleriňiziň manysyny, olara Hudaýyň nähili seredýändigini we Onuň Sözünde bu zatlar hakynda näme diýilýändigini düşündirmegi ýadyňyzdan çykarmaň. Eger mümkin bolsa, onda ähli ýaman manyly zatlaryň baryny otagdan çagaňyzyň özüniň aýyrmagyny haýyş ediň. Çagaňyzyň özüniň rahatlygy üçin we Hudaýyň patalaryna eýe bolmaklygy üçin onuň otagyny şu zatlardan arassalamagyň wajypdygyny oňa düşündiriň. Onsoň çaga otagynda dileg edip, Hudaýyň ol otagy arassalamagyny soraň. Men şeýle dilegleriň netijesinde bolup geçen täsin özgermeleriň şaýatkäri boldum. Şeýle hereketleriňizde hiç bir biderek zat ýokdur, tersine, siz olar bilen özüňiziň öýüňiziň, çagaňyzyň we onuň bütin durmuşynyň Hudaýa bagyşlanandygyny tassyklaýarsyňyz. Siz şeýle diýip yglan etmeli: «…men tutuş hojalygym bilen bile Rebbe gulluk etjekdirin» (Ýeşuwa 24:15). Bu diýmeklik — siziň öýüňiziň arassalanyp, Hudaýyň şöhraty üçin niýetlenendigini aňladýandyr. Geliň, munda zerurlygyň peýda bolup ýetişmänkä, öz çagalarymyzyň otaglarynyň arassalanmagy hakynda dileg edip başlalyň. Dileg Eý Hudaý, men oglumyň (gyzymyň) ýaşaýan otagyna Seniň Mukaddes Ruhuňy çagyrýaryn. Sen Ýeriň we Gögüň Hudaýysyň we men Seni şu otagyň Hojaýyny diýip yglan edýärin. Ony öz nuruň bilen mukaddesle. Meniň çagamyň otagynda mekan tutmaga synanyşýan her bir garaňkylygy kow. Goý, bu ýerde gorkynyň ruhuna, lapykeçlige, gahara, şübhelere, tolgunmalara, garşylyk görkezmekliklere we ýigrenje (çagaňyzyň özüni alyp barşyndaky beýleki etbet hereketleriň hem adyny aýdyň) ýer bolmasyn. Eý Hudaý, men şu otaga Senden bolmadyk zatlaryň bary üçin girelgäniň ýapyk bolmagy üçin dileg edýärin. Eger şu otagda bolmaly däl zat bar bolsa, onda, eý Hudaý, ony maňa görkez we men ony ol ýerden aýyraýyn. Hiç haçan hem ýamanlygyň oglumyň (gyzymyň) otagyna girip bilmezligi üçin, ony Özüňiň gorag diwaryň bilen gora. Bu jaýy Özüňiň söýgiň, parahatlygyň we şatlygyň bilen doldur. Men öz çagamyň agzyna Seniň Dawut patyşanyň şu sözlerini bermekligiň üçin dileg edýärin: «Men öýümde aýypsyz ýürek bilen gezerin. Erbet zady gözümiň öňünde tutmaryn; azaşanlaryň işini ýigrenýärin, ol maňa ýapyşmaz» (Mezmur 101:2–3). Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň çagamyň otagyny Öz şöhratyň bilen mukaddeslenen tämiz ýere öwür. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr. Kanun taglymaty 7:26 Ýuwnuň, arassalanyň. Ýaman işleriňizi Meniň gözümiň alnyndan aýryň; ýamanlyk etmegi bes ediň. Işaýa 1:16 Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň. 1 Korintoslylar 7:1 Eý Hudaý, Öz merhemetiňe görä maňa rehim et; mährebanlygyň köplügine görä meniň jenaýatlarymy öçür. Meni ýazygymdan bütinleý ýuw, günämden tämizle. Çünki men öz jenaýatlarymy boýun alýaryn we günäm mydama öňümdedir. Men Saňa, diňe Saňa garşy günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şeýle, Sen sözleriňde adyl, hökümiňde dogruçylsyň. Mezmur 51:1–4 Rebbiň gargyşy erbetleriň öýündedir, dogrularyň ýaşalgasyna bolsa Ol bereket berýändir. Süleýmanyň tymsallary 3:33 19-NJY BAP NÄDIP ÇAGANYŇ GORKUDAN AZAT BOLMAKLYGYNA KÖMEK ETMELI Gorky meni çagalygymdan başlap yzarlady, çünki meni psihiki taýdan deňagramly bolmadyk ene terbiýeläpdi. Onuň gödek hereketleri we gaharjaňlygy meni mydama depressiýada saklaýardy. Men ulalyp, Mesihe gelenimde, gorkynyň hakyky sebäbini aňlamaga we onuň bilen göreşmäge öwrendim. Hut şol täri men öz çagalarym üçin ruhy söweş üçin hem saýlap aldym. Los-Anjelesde biz ýertitremäni, ot almalary, suwa gark bolmaklyklary, köçedäki bitertipliligi we jenaýatçylygyň erkana bolmaklygyny başymyzdan geçirmeli bolduk. Elbetde, eger biz şonda gorka erk beren bolsak, onda ol hökman bize eýeçilik edip, bizi doňdurardy. Emma onuň garşysyna bolan biziň ýaragymyz — bu Hudaýyň goragy hakyndaky dyngysyz dileglerimizdi. Çagalarymyzyň gözlerinde gorkyny gören dessimize, biz bütin maşgalamyz bilen dileg etmäge, Mukaddes Kitaby okamaga we öwgi aýdymlaryny aýtmaklyga girişerdik. Ol ýerlerden göçüp gidip, biz biraz köşeşdik, emma muňa garamazdan, biz şol wagtky alan öz sapaklarymyzy ýadymyzdan çykarmadyk. Olaryň iň esasysy — Hudaýyň kämil söýgüsi her bir adamyň ýüregindäki gorkyny kowmaklyga güýçlüdir. Hudaýyň özümizi saklap, gorap bilmeklige ukyplydygyna ynanmagymyzy bes etdirenimizde, gorky bizden üstün çykyp, bize ýolbaşçylyk edip başlaýandyr. Çagalarymyzyň nämäniň hakykat, nämäniň bolsa ýalandygyny tapawutlandyryp bilmeýändikleri sebäpli, gorky olary aňsatlyk bilen özüne gul edip bilýändir. Biz söýgi, goldaw we rahatlyk sözlerini aýdyp, olara kömek edip bilýändiris. Ýöne gorkudan azat bolmaklygyň ýeke-täk serişdesi — bu dilegdir. Dilegde Hudaýyň söýgüsi we güýji üçin oňa alkyş aýdylyp, Onuň sözi ynam bilen yglan edilýändir. Isa şägirtleri bilen deňizde bolanynda we birden tupan turanynda, Ol Öz şägirtleriniň gorkularyny görüp, olara şeýle diýipdi: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsyňyz?» (Matta 8:26). Eger durmuşymyzyň gämisinde biz Onuň bilen bile bolýan bolsak, onda onuň hiç haçan hem gark bolmajakdygyna Onuň şägirtleri bilen bile ynanmagymyzy Isa isleýändir. Ýöne käwagtlar gorky biziň çagamyz üçin gaty uly ýük bolup, onuň ýüregini şeýle bir eýeleýändir welin, hatda hiç hili synanyşyklarymyzyň we sözlerimiziň hem kömek etmeýän ýagdaýlary bolýandyr. Bu diýmeklik — çagany gorky ruhy yzarlaýandyr diýmeklikdir. Emma gorky ruhunyň Hudaýdan däl-de, biziň janymyzyň duşmanyndan gelýändigi hakynda Mukaddes Kitap aýdyň aýdýandyr. Gorkynyň ruhuna garşy durmaklyga ata-eneleriň Isa Mesihde güýçleri we ygtyýarlyklary bardyr. Gorky biziň üstümizden ygtyýarlyga eýe däldir, emma biz onuň üstünden ygtyýarlyga eýediris. Isa bize duşmanyň bütin güýjüniň üstünden ygtyýarlyk berdi (Luka 10:19 seret). Muňa hiç-de şübhelenmäň. Eger siz uzak wagtyň içinde rahatlyga eýe bolup bilmeýän bolsaňyz, onda birnäçe çuňňur ynanýan mesihileriň özüňiz bilen dileg etmeklerini haýyş ediň. Çünki nirede iki-üç adam Onuň ady bilen bir ýerde üýşýän bolsalar, onda olaryň arasynda Hudaýymyzyň Özi hem bolýandyr (Matta 18:20 seret). Hudaýyň bar bolan ýerinde gorkynyň ruhy bolup bilýän däldir. Isanyň özümiz bilen bolýandygy sebäpli, biziň çagalarymyz gorkuda ýaşamaklyk bilen ylalaşmaly däldirler. Dileg Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Mezmur 34:4). Özümi diňleýändigiňe ynanyp, men şu gün Seni agtarmak isleýärin. Öz çagamy (çagaňyzyň ady) oňa azar berýän gorkudan Seniň azat etmegiň hakynda dileg edýärin. Mukaddes Kitapda şeýle ýazylandyr: «Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Timoteos 1:7). Meniň oglumy (gyzymy) Öz söýgiň bilen doldur we onuň ýüreginden gorkyny we şübhäni kow. Goý, ol özüni gorkulardan we howsalalardan azat edýän Seniň barlygyňy duýup bilsin. Ähli zatda diňe Saňa bil baglamaklygy meniň çagama öwret. Duşmanyň meýilnamalaryny we ýalany tapawutlandyryp bilmekligi üçin, oňa aýdyň düşünje ber. Gorky esaslandyrylan bolanynda bolsa, oňa akyldarlyk ber, ony gora we Özüňe çek. Özüniň gorkularyna gözüni ýumman, olar hakynda Saňa gürrüň berip, olardan azat bolmaklygyny Senden haýyş etmekligine öwret. Şeýle ýagdaýlarda Seniň söýgiňiň onuň durmuşyna aralaşyp, ondan her bir gorkyny kowup çykarmagy hakynda Senden haýyş edýärin. Goý, çagam Seniň Sözüňi ýüregi bilen kabul etsin we ynamy gün-günden artsyn. Ähli gorkulardan bizi azat edýändigiň baradaky wadalaryň üçin men Saňa minnetdarlyk bildirýärin, eý Hudaý. Hut şu günüň özünde çagamyň her bir gorkudan azat bolmaklygy hakynda men Saňa Isa Mesihiň ady bilen dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Özüňden gorkýanlar üçin saklap goýan ýagşylygyň nähili uly! Sen adam ogullarynyň öňünde Özüňe bil baglaýanlar üçin işlediň. Mezmur 31:19 Gorkma, çünki Men seniň bilendirin; töweregiňe garanjaklama, çünki Men seniň Hudaýyňdyryn; seni güýçlendirerin, hawa, saňa kömek ederin; hawa, dogrulygymyň sag eli bilen seni söýgetlärin. Işaýa 41:10 Çünki ol perleri bilen seni örter, sen Onuň ganatlarynyň aşagyna sygynarsyň; Onuň hakykaty galkan we sowutdyr. Ne gijäniň howpundan, ne gündiz uçýan okdan; Ne garaňkyda gezýän mergiden, ne-de öýlän heläk edýän gyrgyndan gorkarsyň. Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar welin, ölüm saňa ýakynlaşmaz. Sen diňe gözleriň bilen gözlärsiň we erbetleriň jezalandyrylyşyny görersiň. Çünki sen: «Reb meniň penamdyr» diýdiň, hemmeden beýik Bolany özüňe mesgen edindiň. Mezmur 91:4–9 Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin? Mezmur 27:1 Ölüm tanaplary maňa oraldy, ýaramazlyk silleri meni basdy. Ölüler diýarynyň tanaplary meni gurşady; ölüm kementleri üstüme geldi. Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, Hudaýyma perýat etdim; Ol ybadathanasyndan meniň sesimi eşitdi, perýadym Onuň huzuryna gulagyna ýetdi. Mezmur 18:4–6 Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir. 1 Ýahýa 4:18 20-NJI BAP NÄDIP ÇAGADA SAGDYN PIKIRLENMEK UKYBYNY ÖSDÜRMELI Çagaňyzyň aňyny eýelemek üçin şeýtan elinden gelenini edýändir. Emma, biziň bagtymyza, oňa garşylyk görkezmeklik üçin bizde ygtyýarlyk bardyr. Eger siziň çagaňyz heniz kiçi ýaşynda bolsa, onda siz onuň diňleýän, seredýän we okaýan zatlarynyň baryna barlagçylyk edip bilýänsiňiz. Emma siziň esasy güýjüňiz dilegde jemlenendir. Şonuň üçin hem eger-de siziň çagaňyz uly ýaşynda bolup, mydama siziň göz astyňyzda bolmasa-da, siz onuň düşünjesiniň arassa we aýdyň bolmaklygy üçin dileg edip bilýänsiňiz. Biz öz durmuşymyza Isany çagyryp, Mukaddes Ruhdan dolanymyzda, beýleki patalar bilen bilelikde, şeýle-de sagdyn düşünje alýandyrys. Sagdyn düşünje — bu Hudaýyň sowgady bolup, ony Hudaýdan başga hiç kimden we hiç ýerden hem alyp bilmeýändiris. Bu bize Isanyň düşünjesiniň berlendigini aňladýandyr. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Mesih Isada bolan bu pikir[3] sizde-de bolsun» (Filipililer 2:5). Diňe Isanyň özümize ýolbaşçylyk edeninde, biz dünýäniň synaglaryna garşy durup bilýändiris. Her bir pikiri Oňa tabyn etmekligi öwrendigimizçe, biziň aňymyz gitdigisaýyn täzelenýändir. Meniň ejem bütin durmuşynda — çagalygyndan tä 67 ýaşyna çenli psihiki taýdan deňagramsyzlyk keselinden ejir çekdi. Hyýallaryň dünýäsinde ýaşamaklygyň we öz pikirleriňe gözegçilik edip bilmezligiň nämedigini men öz gözlerim bilen gördüm. Hudaýa ynanmaklygym bilen, men ne özümiň, ne-de çagalarymyň şeýle zatlaryň hiç birini hem başyndan geçirmezligi üçin dileg edip başladym. Howsalaly pursatlarda men şeýle diýip gaýtalaýardym: «Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Timoteos 1:7). «Hudaý bize aýdyň aň berdi, — diýip, men ençeme gezek gaýtalaýardym. — Ol meniň ogluma we gyzyma hem hut şeýle aň berdi. Hiç haçan hem mundan azy bilen ylalaşmaryn». Psihiki keseller elmydam nesilden-nesli geçýän däldirler. Hudaý biziň çagalarymyz üçin psihiki kesellerden ýa-da duýgy deňagramsyzlygyndan ejir çekmekligi kesgitlän däldir. Aňyň ýagdaýy onuň eýesiniň näme hakynda pikir edýänligi bilen kesgitlenilýändir. Eger onuň kellesi boş, dünýewi kynçylyklar bilen doldurylan bolsa, onda onuň pikirleri hem boş bolup, ol öz duýgularyna ýolbaşçylyk etmekligi ýitirýändir; eger adam Hudaýdan bolan zatlar, aýratynam Onuň Sözi hakynda oýlanýan bolsa, onda onuň aňy mydama aýdyň galýandyr, ýüreginde bolsa parahatlyk bolýandyr. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr» (1 Korintoslylar 14:33). Biziň ata-eneler hökmünde ilkinji orundaky borjumyz — bu çagalarymyzyň kellelerinde Hudaýyň Sözüniň ýaşamagyndyr, şonda olaryň aň-düşünjeleri mydama aňdyň bolýandyr, biziň gorkularymyz bolsa bug kimin ýok bolar. Hudaý bize sagdyn pikir etmeklik ukybyny berdi. Onda biz az zat bilen ylalaşmagy islärismi? Geliň, onda Hudaýdan hut şu sowgady diläliň. Dileg Eý Hudaý, bize sagdyn aň-düşünje bermekligi beren wadaň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Öz çagama (çagaňyzyň ady) Seniň aýdyň, sagdyn, ýumşak bolan, ýiti we gyzgyn aň-düşünjäni bermekligiňi soraýaryn. Men öz çagamyň kellesinde hiç hili bitertip, garaňky we erbet pikirlere ýeriň bolmazlygy üçin dileg edýärin. Goý, onuň aňy hiç bir ýük bilen agramlanan bolmasyn. Her wagtda hem pikirlenmeginiň aýdyň bolmaklygyny oňa ber. Çagama anyk kararlary kabul edip bilmekligi, düşünmeli zatlaryň baryna düşünmekligi, iň esasy zatda ünsüni jemläp bilmekligi öwret. Eger çagamda beýniniň işleýşinde nähilidir bir ýetmezçilik bar bolaýsa, onda oňa şypa bermekligiňi Isa Mesihiň ady bilen soraýaryn. Goý, ol pikirleriniň ruhunda täzelenip (Efesliler 4:23 seret), Isanyň düşünjesine (1 Korintoslylar 2:16 seret) eýe bolsun. Çagamyň Seni bütin ýüregi bilen söýmekligi hakynda Saňa dileg edýärin, goý, onuň kellesinde şeýtanyň ýalanlary üçin ýer bolmasyn. Goý, Seniň sözüň onuň ýüreginde berk kök urup, onuň aňyny ähli arassa, mähirli, oňat we şöhratly zatlar bilen doldursyn (Filipililer 4:8 seret). Goý, ol özüniň aňyna girýän zatlaryň özüniň bir bölegi bolup galýandygyna düşünip bilsin. Goý, çagam özüniň ähli eşidýän we görýän zatlary hakynda ilki bilen oňatja oýlansyn. Seniň sözüňde şeýle diýilýändir: «Sen akly durnuklyny doly parahatlyk içinde saklaýarsyň, çünki ol Saňa bil baglaýar» (Işaýa 26:3). Men öz çagamyň Saňa we Seniň Sözüňe bolan ynamynyň günbe-günden artmaklygy üçin dileg edýärin. Goý, ol mydama sagdyn pikir ediji we deňagramly bolsun. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň. Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň. Rimliler 12:2–3 Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar. Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň. Filipililer 4:6–7 Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris. 2 Korintoslylar 10:4–5 Çünki tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr. Rimliler 8:6 Munuň üçin men muny aýdyp, Rebbiň adyndan size duýduryş berýärin: mundan beýläk, özge milletleriň gezişi ýaly, olaryň boş pikirlerine eýerip gezmäň. Olar ýürekleriniň gatylygy zerarly, içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat boldular, aň-düşünjeleri garaňkyrady. Efesliler 4:17–18 21-NJI BAP NÄDIP ÇAGANYŇ HUDAÝDA ŞATLYK TAPYP BILMEKLIGINE KÖMEK ETMELI Bir gezek meniň ýanyma ýetginjek ýaşly bir gyzjagaz geldi. Ol gaty gaýgylydy. Ol bir sagatlap maňa özüniň ajy durmuşy we öz-özüni öldürmeklige çenli alyp baran elhenç lapykeçligi hakynda gürrüň berdi. Men ony üns berip diňledim, onsoň biz oňa azar berýän ähli betbagtçylyklar we gaýgylandyrýan howsalalar hakynda dileg etdik. Onsoň men oňa Hudaýyň «kül ýerine owadanlyk, ýas ýerine şatlyk ýagy, gamgyn ruh ýerine alkyş donuny» bermekligi hakynda dileg etdim (Işaýa 61:3 seret). Biz dileg edip bolanymyzdan soň, gyzjagazyň ýüzündäki üýtgeşigi görüp, men gaty haýran galdym. Gaýgyly we lapykeç bolan ýüz owadan we rahat ýüze öwrüldi. Şatlygyň ruhy onuň ýüregine girdi we meniň alnymda indi has nätanyş adam durdy. Şondan bäri bu gyzjagaz gülledi we onuň ençeme dostlary peýda boldy. Gynansak-da, ençeme ýetginjekler depressiýadan ejir çekýärler. Emma iň erbedi — bu onuň biziň çagalarymyzy olaryň uly ýaşlarynda hem yzarlaýandygydyr. Depressiýa çagalarymyzyň ýaşaýşyna we işlerine päsgel berýändir, olaryň adamlar bilen gatnaşyklaryny bozýandyr, saglygyna zyýan ýetirýändir we hatda olaryň Hudaý bilen gatnaşyklaryna hem täsir edýändir. Emma beýle zat aslynda bolmaly däldir. Geçmişiň nähili bolandygyna seretmezden, çagalarymyz depressiýa getirmeli däldir ýa-da hemişe keýpiköksüzlikde gezmeli däldir. Çagaňyzyň gaýga, alada batmaklygyna, onuň kyn gylykly adam bolmaklygyna ýol bermäň. Goý, siziň dilegiňiz oňa şypa bersin. Haýsy adamyň özünde erbet duýgulary saklaýandygy we haýsy adamyň bolsa ýüreginde şatlygyň ruhunyň höküm sürýändigi dessine bellidir. Aýratyn hem bu çagalarda mälimdir, çünki olar heniz edil uly adamlar ýaly duýgularyny gizlemeklige öwrenişen däldirler. Öz çagaňyza üns bilen serediň: onuň ýüzüniň nähilidigini siz ýygy-ýygydan görýärsiňiz. Onuň ýüzi adatça rahat, bagtly we şatlyklymy? Ýa-da gaýgyly, närazy, lapykeç, gaharly we gödekmi? Belli bir sebäpsiz onuň keýpiniň kök bolmadyk wagty bolýarmy? Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň öz lapykeçliginiň sebäbini düşündirip bilmedik wagtlary bolýarmy? Çagaňyz üçin ümürli we ýagynly keýpiköklügiň onuň üçin adat bolup galyp ýetişmänkä, siz ara düşüň. Erbet duýgularyň çagaňyzyza bütinleý ýolbaşçylyk edip başlanka, olaryň şatlygyň ruhy bilen ýeňilmekleri hakynda dileg etmekligi gijä galdyrmaň. Çagaňyzyň Hudaýdan gelen şatlyk bilen doly bolmaklygy hakynda dilegiňiziň ony beýleki adamlaryň kynçylyklaryna birperwaý edip bilýändir diýip, hiç wagt hem aladalanmaň. Bu beýle bolup bilmez, çünki Hudaýdan gelýän şatlyk durmuş ýagdaýlaryna bagly däldir. Hudaýdaky söýginiň çeşmesi Hudaýy gözlemeklikde we Onuň özümiziň ýeke-täk mätäçligimizdigine göz ýetirmeklikde jemlenendir. Men siziň çagaňyz hiç haçan hem hiç hili erbet duýgulary başyndan geçirmeli däldir diýjek bolmaýaryn. Men çagaňyza erbet duýgular ýolbaşçylyk etmeli däldir diýjek bolýaryn. Biz Hudaýa seretmelidiris, çünki Ol «halkyny şatlyk bilen, saýlanlaryny begenç bilen ugratdy» (Mezmur 105:43). Şeýle-de, eger biz Oňa dileg etsek, onda Ol biziň çagalarymyzy hem edil şeýle ýagdaýda ugradar. Dileg Eý Hudaý, öz çagama Seniň Öz şatlygyňy bermekligiň hakynda men Saňa dileg edýärin. Goý, hut şu wagt onuň ýüreginde ynamy artsyn we goý, ol Senden gelen şatlygyň bütin dolulygyny tanasyn. Hakyky bagty diňe Seniň berýändigiňe onuň düşünmekligine kömek et. Eger erbet duýgular ony eýeläp başlasalar, onda ony Öz söýgiň bilen gurşa. Goý, ol Mukaddes Ýazgynyň şeýle söýlerini ýadyna salsyn: «Rebbiň ýaradan güni budur; biz onda şatlanyp begeneris» (Mezmur 118:24). Meniň çagamy umytsylykdan, depressiýadan, ýekelikden, lapykeçlikden, gahardan we terk edilmeklik duýgusyndan halas et. Goý, ol hiç haçan hem erbet duýgular bilen basylan bolmasyn. Goý, ol öz ýüreginde şeýle diýsin: «Meniň janym Rebde şat bolar, Onuň gutaryşyna şatlanar» (Mezmur 35:9). Eý Hudaý, çagamyň başyndan geçirýän erbet duýgularynyň Seniň taglymatyňa garşy gelýändigini men bilýändirin. Öz Sözüňi meniň çagamyň ýüreginde berket, goý, onuň ynamy gün-günden artsyn. Öz söýgiňe ymanly bolmaklygy oňa öwret we şu gün hem-de mydama Sende şatlyk tapyp, ruhda berkemegine kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galşym ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz. Size bu zatlary Meniň şatlygym sizde bolsun we şatlygyňyz doly bolsun diýip aýtdym. Ýahýa 15:10–11 Sen maňa ýaşaýyş ýoluny görkezersiň; doly şatlyk Seniň huzuryňdadyr; sagyňda çäksiz hözirler bardyr. Mezmur 16:11 Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin. Rimliler 15:13 Çünki Onuň gazaby birsalymlykdyr, mähribanlygynda bolsa ömür uzaklygy bardyr. Agşam agy dowam eder, ýöne ertir şatlyk geler. Mezmur 30:5 Men Rebde şatlanaryn, janym Hudaýymda şat bolar; çünki Ol maňa gutulyş donuny geýdirdi; giýewiň telpegini geýişi ýaly, gelniň şaý-sepi bilen bezenişi ýaly, Ol maňa dogrulyk eşigini geýdirdi. Işaýa 61:10 22-NJI BAP GEÇMIŞIŇ NÄLETLERINI NÄDIP DARGATMALY Mälim bolşy ýaly, biz daş-keşbimizi ata-enelerimizden miras alýandyrys. Mysal üçin, gözümiz ejemiziňki ýa-da burnumyz kakamyzyňky, ýa-da saçymyzyň reňki mamamyzyňky. Emma şeýle-de özümiziň ata-enelerimiziň gylyk-häsiýetleriniň hem mirasdarlarydygymyzy hem bilýärsiňizmi? Mysal üçin, ahlaksyzlyk, göripçilik, bagyşlap bilmezlik, diňe özüňi söýmeklik we tekepbirlik, ýalana ýykgyn bolmaklyk, depressiýa ýaly gylyk-häsiýetleri ata-enelerimizden hem alyp bilýändiris. Ruhy kökleri bolan şu we beýleki ýene ençeme häsiýetler ata-enelerden çagalaryna we agtyklaryna geçip bilýändir. Birnäçe maşgalalaryň taryhyna göz aýlap, birnäçe nesilleriň şol bir kynçylyga duçar gelýändiklerine syn etmeklik mümkindir. Mysal üçin, maşgalada berk gatnaşyklary ýola goýun bilmezlik, är-aýal biwepalygy, güýçli içgilere we neşä bagly bolmaklyk, depressiýa ýykgynly bolmaklyk. Adamlar: «Eger men şeýle bolup doglan bolsam, onda näme etmeli?» diýip, özlerini aklamaga synanyşýarlar. Ata-eneleriň çagalarynyň ykballaryna bolan täsiri hakynda Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin» (Çykyş 20:5 seret). Şu aýatda Hudaýy söýmeýän adamlar hakynda gürrüň edilýändir. Emma muňa garamazdan, Hudaýa ynanýan ata-eneler hem günäniň ýoluny saýlap bilýändirler we olaryň bu işi hökman çagalarynyň ykballarynda öz çynlakaý netijelerini berýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «…kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr» (2 Korintoslylar 5:17). Ýöne bu biziň Isa gelmegimiz bilen mundan beýläk günä etmeklige ukypsyz bolýandygymyz hakynda aýdýan däldir: bu diýmeklik, biz günäniň, ýagny ölümiň galdyrýan yzlaryndan azat bolup, mundan beýläk bize synaglara garşy durmaklyk üçin güýjüň berilýändigini aňladýandyr. Muňa seretmezden, biz günde şu azatlykda we güýçde ýaşarysmy ýa-da ýok diýen iki saýlawy etmeli bolýandyrys. Mukaddes Kitap ýene bize şeýle diýýär: «Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň» (Galatýalylar 5:1). Eger biz mundan beýläk günäniň gulçulygyndan azat bolsak, onda näme üçin Mukaddes Kitap bize ýene-de bu howp hakynda duýduryş berýär? Jogap şeýle: Isanyň özümizi azat edendigine seretmezden, biz saýlaw edip, ýene-de günä, ýagny yzymyza tarap öwrülmäge erklidiris. Bar gürrüň biziň synalýan pursadymyzda teniň höweslerine azatlyk berip, etmeli däl hereketlerimizi edýänligimizdedir. Köplenç biz maşgalamyzyň samsyk däplerini saklap gelip, olary çagalarymyza hem endik etdirýändiris. Hemişe miras boýunça geçerilýän fiziki häsiýetlerden tapawutlylykda, günä bolan ýykgynlyk miras boýunça geçýän däldir we biz ol ýykgynlygy boýnyburuklyk bilen ata-enelerimizden kabul etmeklige mejbur däldiris. Näme üçin? Çünki günä ýykgyn bolmaklyk — hakykatyň deregine şeýtanyň ýalanyny kabul etmeklige ylalaşmakdan başga hiç zady hem aňladýan däldir. Şeýtan bize özümiziň Isa Mesihde ýaradylan täze ýaradylyş bolman, hiç haçan hem ata-babalarymyzyň günälerinden azat bolmandygymyzy tassyklap, muňa bizi ynandyrmaga synanyşýandyr. Şeýtan ynanýan adamyň kakasynyň ýa-da babasynyň arakhor bolan bolsa, ýa-da öz aýalyny mydama urup-ýençýän bolsa, ýa-da öz ýakynlarynyň üstünden gülüp, ogurlykdyr-jümrülik edýän bolsa, onda onuň hem ata-babasy ýaly bolmalydygyna ony ynandyrmaga synanyşýandyr. Çünki erbet gylyk-häsiýetleriň ata-babalardan miras alynýandygyna şeýtan ynandyrmak isleýändir. Emma eger biz islesek, onda iş ýüzünde dileg we Mukaddes Ruhuň güýjüniň kömegi arkaly maşgalamyzyň günäli adatlaryndan azat bolup bilýändiris. Eger-de biz öz günälerimiziň öz çagalarymyzda edil aýnadakysy ýaly serpikdirilýändigini görýän bolsak, onda olary bu nejis mirasdan azat bolmaklary üçin dileg etmelidiris. «Eger Hudaý bizi Öz merhemeti bilen halas eden bolsa, Mukaddes Ruh bolsa bizi tämizläp, täzelän bolsa we biz Isanyn gany bilen arassalanan bolsak, onda näme üçin men henizem günäni ýeňip bilmeýärin?» — diýip, men birnäçe ýyl ozal özümiň ruhy maslahatçymdan sorapdym. «Bu iki sebäbe görä bolup geçýändir: ýa-da günä boýun alnan däldir, ýa-da siz ony bilegörä edýärsiňiz» — diýip, ol jogap berdi. «Bir wagtlar özüm bilen bolan waka üçin men maşgalamyň käbir agzalaryny henizem bagyşlap bilmeýärin, — diýip, men oňa aýtdym. — Emma men ol günäni boýun alyp, toba etdim. Näme üçin men ondan hemişelik azat bolup bilmeýärin?» «Siziň ejeňiz bagyşlap bilmeýän adam bolupdy, şeýle dälmi?» — diýip, maslahatçym sorady. «Hawa, bu şeýle. Maşgalamyzyň ähli agzalaryna diýen ýaly onda nägilelik bardy. Şonuň üçin hem ol hemmelerden daşlaşdy. Hut şol sebäbe görä hem onuň dostlary ýokdy: hatda kiçijik ýalňyşlyklary hem bagyşlap bilmezligi bilen ol hemmeleri özünden daşlaşdyrýardy». «Ejeňiziň bu bagyşlap bilmezlik gylygyny ondan miras alyp, indi bolsa bu gylygyň özüňiz üçin endik bolup galandygy hakynda siz oýlanypmydyňyz? Çagalar öz ata-eneleriniň gylyk-häsiýetlerini miras alýandyrlar» — diýip, ol gürrüňini dowam etdirdi. Meniň hereketlerime diňe sagdyn pikirden başga zat ýolbaşçylyk edip biler diýip, hiç haçan hem oýlanmandym. Meniň çözgütlerime käbir zatlar täsir etmegini dowam etdirdi we men hiç-de bagyşlamaga öwrenip bilmeýärdim. Bu barada näçe pikir etdigimçe, şonça-da meniň ýadyma garyndaşlarymyň kine saklan ýagdaýlary düşýärdi. Ähli maşgalalar diýen ýaly özleriniň tarynyň belli bir tapgyrynda ýüregiň gataldylmagy bilen duş bolýarlar. Köplenç olar özleriniň garyndaşlyk gatnaşyklaryny üzmejek bolup, bu ýürek gatalmasyna üns bermejek bolup synanyşýarlar. «Özümi munuň aklamaýandygyny men bilýärin, emma men öz maşgalamyň agzalarynyň neneň kine saklaýjydyklaryny görýärin, olar bir-birlerini bagyşlamagy başarmaýarlar, — diýip, men boýun aldym. — Emma meniň öz çagalarym hem bu gylygy miras alarlar diýip has-da gorkýan. Men olaryň bir-birlerini bagyşlamaýandyklaryna bireýýäm üns berýärin. Meniň özüm we ärim bu dünýäden ötenimizden soň, çagalarymyzyň bir-birleri üçin ýat adamlar boljakdyklary baradaky pikir meni gorka salýar. Men bu günäden çagalarym üçin azat bolmalydygyma düşünýärin». Şol gün men maslahatçym bilen bilelikde bagyşlap bilmezligiň maşgala gylygymyz hökmünde nesilden-nesle geçmän, Mukaddes Ruhuň güýji bilen saklanylmagy hakynda dileg etdik. Men Mukaddes Kitabyň aýatlaryny ýatdan aýtdym. Ol aýatlarda özümiň Isa Mesihde täze ýaradylandygym we geçmişiň günäli däpleri we gylyk-häsiýetleri bilen ylalaşyp ýaşamaly däldigim hakynda aýdylýardy. Bu meniň üçin açyşlyk boldy we men özümiň bagyşlamak islemezligimiň dörän pursadynda, ony boýun almaklyk kararyny kabul etdim. Dileg edip, boýun alyp we toba edip, bagyşlap bilmezlik günäsinden özümiň näçe çalt azat boldugymça, şonça-da çagalarymyň azat bolmaklarynyň amala aşýandygyny aýdyň gördüm. Elbetde, olaryň bagyşlap bilmeklik islegi diňe maňa bagly bolman, olaryň özlerine hem baglydyr. Bagyşlamak ýa-da ýok — bu olaryň hususy kararlarydyr. Emma öz öňlerinde bagyşlap bilmekligiň mysalyny görýändikleri olaryň dogry kararlary kabul etmekligine alyp barýandyr. Ata-enelerde çagalarynyň gylyk-häsiýetlerini üýtgetmeklik üçin iň peýdaly serişde bardyr — bu öz gylyk-häsiýetleriňiň üýtgeşiklerinden başlamaklykdyr. Iň oňady bolsa, özüňdäki günäni boýun almaklykdan başlamaklykdyr. Eger günä wagtal-wagtal amala aşyrylýan bolsa, onda ol tizara öz ornuny berk eýeleýändir. Mysal üçin, ýalan geplemek — günä. Gaýtalanan ýalan soňky ýalan üçin ýoly arassalaýandyr we tizara ýagdaý gözegçilik astyndan çykýandyr. Ýa-da ýene bir mysal: ölmeklik islegi hem günädir. «Men ölmek isleýärin» diýip, adam ençeme gezek gaýtalaýan bolsa, onda tizara ol adamy öz-özüni öldürmeklik pikiri yzarlap başlaýandyr. Eger siz özüňiziň günä edip, Hudaýyň ýolundan çykandygyňyzy duýýan bolsaňyz, onda haýal etmän, Hudaýyň öňünde toba ediň, Oňa öz günäňizi açyň we özüňizi bagyşlamagyny Hudaýdan diläp: «Eý Hudaý, men Seniň ýolbaşçygyňy soraýaryn, öz durmuşymy özgermeklige maňa kömek et» diýiň. Onsoň öz üstüňizden ýa-da çagalaryňyzyň üstlerinden ygtyýarlyga eýe bolan ata-eneňiziň ýa-da ata-babalaryňyzyň günäsiniň adyny aýdyň. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Biziň Hudaýyň perzendigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär. Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys — Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys» (Rimliler 8:16–17). Biz maşgala günälerimiziň däl-de, Hudaýyň mirasçylary bolmaklygy isleýändiris. Isanyň ady bilen biz her bir magşala günäsinden azat bolup bilýändiris we Mukaddes Ruhuň güýji bilen ol günäni çagalarymyzyň durmuşlaryna girizmän bilýändiris. Eger siz çagalaryňyzyň uly nesilleriň günäleri zerarly öz çagalaryňyzyň ejir çekmeklerini islemeýän bolsaňyz, onda hut şu wagtyň özünde dileg etmäge girişiň. Dileg Eý Hudaý, oňat adam öz agtyklary üçin miras galdyrýar diýip, Sen Öz Sözüňde aýdypdyň (Süleýmanyň tymsallary 13:22 seret). Men Senden haýyş edýärin, özümiň çagalarym üçin galdyrýan mirasym Seniň öňüňde arassa bolup, dogry durmuş üçin sylag bolsun. Munuň üçin men Isanyň ady bilen dileg edýärin: meni ata-enemden we ata-babalarymdan miras alan her bir günälerimden arassala. Men Seniň öňüňde öz günälerimi boýun alýaryn we meni bagyşlap, şypa bermekligiň üçin dileg edýärin, çünki Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar» (1 Ýahýa 1:9). Eger günälerimi boýun alyp, Seniň öňüňde olar üçin toba edenimde, çagamyň meniň öz günälerimi miras almaklygyň ygtybarlynyň has hem azalýandygyny bilýändirin. Isa bize şeýle diýipdi: «Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez» (Luka 10:19). Eger şeýtan meniň çagama (çagaňyzyň ady) öz durmuşymda bolan orun tutan günäni etmekligine mejbur etmek islese, onda men onuň meýilnamalaryny özüme Isa Mesihde berlen güýç we ygtyýarlyk bilen dargadýaryn. Aýratyn hem men (öz çagaňyzy goramak isleýän, siziň maşgalaňyzyň agzalaryna mahsus bolan günäniň ady) hakynda dileg edýärin. Eý Hudaý, men Senden bolmadyk ähli zatlary terk edýärin. Isa, Seniň bizi öz geçmişimizdäki günälerimizden arassalamak üçin gelendigiňe gaty minnetdardyryn. Biz ol günälerden bagly bolmaklykdan boýun towlaýarys. Mukaddesleriň nurdaky mirasyndan paý almaga size başarnyk berendigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin, eý Göklerdäki Atam (Koloseliler 1:12). Sen bizi garaňkylygyň ygtyýarlygyndan azat etdiň. Men öz oglumyň (gyzymyň) ata-enelerinden ýaman gylyk-häsiýetleri miras almazlygy hakynda dileg edýärin. Goý, ol Seniň tabşyrygyňa laýyk hereket etsin: «Geliň, dünýä gurlaly bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň» (Matta 25:34). Sende geçmişiň gutaryp, täze durmuşyň başlaýandygy üçin men Saňa gaty minnetdardyryn, eý Isa Rebbim. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň. Galatýalylar 5:1 Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin, size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi. Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz. 1 Petrus 3–5 Reb Ýehowanyň Ruhy Meniň üstümde, çünki garyplara hoş habary wagyz etmek üçin Reb Meni belledi. Ol Meni göwni synyklara şypa bermäge, ýesirlere azatlygy we bendilere zyndanyň açyklygyny yglan etmäge iberdi. Işaýa 61:1 Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr. 2 Korintoslylar 5:17 Çünki bir wagtlar biz hem aň-düşünjesiz, söze gulak asmaz, ýolundan azaşan, dürli höweslere hem-de keýplere bakna, ýamanlyk hem göriplikde ýaşap, ýigrenji, biri-birlerini ýigrenýän adamlardyk. Ýöne halasgärimiz Hudaýyň ýagşylygy, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda, Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy. Biz Onuň merhemeti bilen aklanyp, baky ýaşaýşyň umydy içinde Onuň mirasçylary bolar ýaly, Täzeden dogma ýuwşy bilen halasgärimiz Isa Mesihiň saýasynda üstümize bolelin döken Mukaddes Ruhunyň täzelemegi arkaly Ol bizi halas etdi. Titus 3:3–7 23-NJI BAP GÜÝÇLI IÇGILERE, NEŞÄ WE SUNUŇ ÝALY BEÝLEKI ZATLARA BAGLY BOLMAKLYGA NÄDIP GARŞY DURMALY Şeýtan biziň çagalarymyzy awlaýandyr we olary bizden ogurlamak üçin elinden gelenini edýändir. Güýçli içgiler, neşe we şuňa meňzeş zatlara bagly bolmaklyk — ine, onuň iň söýgüli duzaklary. Çagalarymyzyň garşysyna bolan hüjüm şeýle bir güýçli welin, olar özbaşdak bulara garşy durup bilmeýändirler. Biziň bagtymyza, çagalarymyza kömek ederi ýaly, olarda biziň goldawymyz, biziň dileglerimiz, biziň maslahatlarymyz bardyr. Bir tarapdan, çagalarymyzyň geljegi üçin, güýçli içgilere we neşä ýykgyn bolmaklygyň hiç haçan hem olara ýanaşmazlygy üçin dileg etmeklige başlamaklyga hiç haçan hem ir bolýan däldir. Çünki bu duzaga ýaşlykdan düşmeklik hem gaty ýeňildir. Beýleki tarapdan bolsa, bu mätäçlikler üçin dileg etmeklige başlamaklyk üçin hiç haçan hem giç däldir, çünki adam durmuşynyň dürli tapgyrlarynda synaga düşüp bilýändir. Men ýaşynyň elliden hem öteninden soň, arakhor bolan bir adamy tanaýaryn. Ol özüniň araga bolan höwesiniň bardygyny hiç haçan hem gizlemeýärdi, emma güýli içgiler hödürlenýän bir oturlyşykda bolanyna çenli, ol bu gowşaklyga erk bermeýärdi. Eger onda özi üçin töwekgellik bilen dileg edýän ene, dileg edýän ata ýa-da dileg toparyndaky dostlary bolan bolsady, onuň bilen şeýle zat bir ömür hem bolmazdy. Men Hudaýy şöhratlandyrýan mesihi aýdymçylarynyň synagda ýeňlip, arakhor ýa-da neşekeş bolandyklaryny birnäçe gezek gördüm. Şeýle adamlar ruhy söweşiň ilkinji hatarlarynda bolýandyrlar we özleriniň duşman tarapyndan ýeňlenlerine çenli, olar köplenç howpy görüp bilmeýärler. Durmuşlarynyň dileg bilen goragly bolmandygy sebäpli, olar şeýtan üçin ýeňil olja bolup, tizara onuň duzaklarynda galýandyrlar. Ýöne ol adamlaryň köpleriniň günä ýoluna meýletinlik bilen baş goşýandyklaryny boýun almalydyrys. Şeýle bolsa-da, olaryň aglabasy dogruçyl durmuş alyp barmaklygy isleýärler. Bu betbagtçylygyň sebäbini teniň höwesleriniň we şeýtanyň hüjümleriniň biziň oýlaýanymyzdan gaty güýçlüdiginde gözlemelidiris. Her birimizde bolýan gowşaklyk pursatlarynda adam özüniň oýlap hem ýetişmedik hereketlerini ýerine ýetirip bilýändir. Dileg arkaly hereket edýän diňe Hudaýyň güýji ähli zady üýtgedip bilýändir. Eger siziň ogluňyzda ýa-da gyzyňyzda şeýle kynçylyk bar bolsa, eger şeýtan olaryň durmuşlarynda bir orny bireýýäm eýelän bolsa, hiç bir şübhesizlik bilen onuň bilen şöweşe girişiň. Özüňiziň Hudaýda kimdigiňizi bilip, ýitirileni yzyna dolandyryň. Siziň çagalaryňyz şeýtana däl-de, size degişlidirler we siz olar üçin Hudaýyň huzurynda töwellaçylyk edip bilýärsiňiz. Sizde hem güýç, hem-de ygtyýarlyk bardyr. Şeýtanda bolsa bular ýokdur. Onuň tärleri mälimdir: olar ýalan we aldawçylykdyr. Şeýtanyň ýalanyny Isa Mesihden alan güýjüňiz bilen paş ediň, çünki Isa Mesih hem siziň, hem çagaňyzyň durmuşynyň Hojaýyny we Halasgäridir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň» (1 Korintoslylar 10:31). Geliň, çagalarymyzyň özleri üçin alada etmekleri hakynda we olaryň ähli hereketleriniň Hudaýy şöhratlandyrmak islegi bilen edilmegi hakynda dileg edeliň. Dileg Eý Hudaý, men öz çagamyň (çagaňyzyň ady) her bir bagly bolmaklykdan, aýratyn hem güýçli içgilere we neşä bagly bolmaklykdan azat bolmaklygy üçin dileg edýärin. Ony berkit, ony Özüňe çek we ähli zatda diňe Saňa bil baglamaklygyna kömek et. Oňa özüniň gitmeli ýoluny görkez we özüni goramaklygy bilen, Saňa hyzmat edýändigini oňa aç. Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: çagamy güýçli içgilere we neşä ýykgyn edip, ony heläk etmäge synanyşýan şeýtanyň meýilnamalaryny puja çykar. Goý, meniň çagam şeýle zatlara höwes bildirmesin. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýändir, onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr» (Süleýmanyň tymsallary 16:25). Ýalany saýgaryp bilmeklige oňa ukyp ber. Ölüm getirýän ähli zatlara «ýok», Hudaýdan bolup, ýaşaýyş getirýän ähli zatlara bolsa «hawa» diýip bilmekligine güýç ber. Dürli synaglarda hem hakykaty görüp bilmegine kömek et. Şeýle-de, ýamanlykdan we şeýtanyň guran duzaklaryndan ony gora. Goý, ol mydama ýaşaýşy saýlasyn we bu dünýäde ähli zadyň diňe Saňa baglydygyny bilsin. Çagamyň öz tenini Seniň şöhratyň üçin tämizlikde saklamagy üçin Isa Mesihiň ady bilen Saňa dileg edýärin, eý Hudaý. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Eý doganlar, biz borçludyrys, ýöne tene görä ýaşamak üçin tene borçly däldiris. Tene görä ýaşasaňyz, ölersiňiz, ýöne beden işlerini Ruh bilen öldürseňiz, ýaşarsyňyz. Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr. Rimliler 8:12–14 Eý ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; ýaşlyk günleriňde ýüregiňi begendir, ýüregiň islän ýollarynda we göz dikýän ýeriňde gez; ýöne muny bil: bularyň hemmesi üçin Hudaý senden hasap sorar. Munuň üçin gaýgyny ýüregiňden çykar, ýamanlygy göwräňden aýyr; çünki ýigitlik we ýaşlyk puçdur. Wagyzçy 11:10 Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. Kanun taglymaty 30:19 Göni adamlary dogrulygy halas eder; dönükler bolsa öz hyýanatlaryna çolaşar. Süleýmanyň tymsallary 11:6 Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz. Ýahýa 8:36 24-NJI BAP ÇAGANY PÄKLIGIŇ GADRYNY BILMEKLI Biziň çagalarymyzyň başlaryna düşüp bilýän howply heläkçiliklere, ölüm we baky dowzah bilen bir hatarda jynsy gatnaşyk günäsi hem durýandyr. Näme üçin? Çünki hem ata-eneleriň, hem-de çagalaryň özleriniň bütin ömürlerinde onuň yzalary yz galdyrýandyr. «Çaga aýyrmaklyk», «nikadan daşary jynsy gatnaşyk», «biwepalyk», «gomoseksualizm», «sözenek keselleri» — ine, her bir ata-enäniň gorkunçly ýagdaýda kabul edýän kynçylyklarynyň toplumy. Şu gün bolsa bu dogrudan hem ölümiň we ýaşaýşyň arasyndaky sorag bolup durýandyr. Jynsy gatnaşyk taýdan ahlaksyzlyk bolmaklygyň hiç bir yzasyz galmaýandygy hemmelere hem mälimdir. Emma bizi çagalarymyzyň diňe bir fiziki saglygy gaýgylandyrýan däldir. Mukaddes Kitap bize şeýle tabşyryk berýär: «Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden garyplar, mysapyrlar hökmünde gaça duruň» (1 Petrus 2:11). Jynsy gatnaşyk günäsiniň yzalary janyňy ölüm howpy astyna salýandyr. Bu çynçylyk barada men oglum bilen gyzymyň heniz has kiçi wagtlarynda olar üçin dileg edip başladym we şu güne çenli hem bu barada dyngysyz dileg etmegimi dowam etdirýärin. Elbetde, men öz çagalarymyň sözenek keseli zerarly ölmeklerini ýa-da Kristofer bilen Amandanyň kanuna laýyklykda nika gurup ýetişmänkäler, özümde agtyklaryň peýda bolmaklaryny isleýän däldirin. Galyberse-de, men olaryň Hudaýy diňlemän, öz maksatnamalaryny ýerine ýetirmeklerini islemeýärin. Adamyň öz ten höweslerini kanagatlandyrmaklary üçin Hudaýyň barlygyndan, parahatlykdan, patadan we şatlykdan hem boýun towlap bilýändigini men bilýändirin. Ýöne munyň bahasy gaty beýikdir. Çaganyň ýetginjek ýaşyna ýetenine çenli dilegi yza galdyryp, Hudaýyň ýollaryna ony öwretmezlige ýol berilmeli däldir. Hut şu günüň özünde dileg edip başlamalydyrys. Şu gün ten höwesleriniň duzaklaryna düşmeklik aýratyn hem ýeňildir: ähli ýerde biziň çagalarymyzy gazetdir žurnallardaky ahlaksyz beýan edilýän suratlar, aç-açan bihaýa görkezilýän kinolardyr reklamalar yzarlaýandyr. Çagalarymyzyň janlary mydama oklaryň astyndadyr we synaglar olaryň gapdallaryndan geçer diýip, biz öz-özümizi aldaýandyrys. Bu beýle däl, çünki synaglaryň güýji gaty uludyr. Çagalar ata-eneleriniň töwellaçylykly dileglerine mätäçdirler. Hatda siziň ogluňyz ýa-da gyzyňyz günäniň öldüriji täsiri astyna bireýýäm düşen hem bolsalar, ol günäni boýun alyp, toba edip, bagyşlama we şypa tapmaklyga eýe bolmaklyk üçin hiç haçan hem giç däldir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr; akyldarlykda gezýän bolsa halas bolar» (Süleýmanyň tymsallary 28:26). Çagalarymyzyň özleriniň hemişelik bolmadyk duýgularyna ynanman, diňe Hudaýa ynanmaklary üçin, howply duzaklardan gaça durup, akyldarlyga eýe bolmaklary üçin, Hudaýyň parzlary boýunça ýaşamaklary üçin biz hökman dileg etmelidiris. Jynsy gatnaşyk durmuşynyň arassalygy — bu Hudaýyň ýollarynyň biridir we çaga bu ýol bilen ýöremeklige ýaşlykdan öwrenmelidir. Siziň çagaňyzyň näçe ýaşyndadygynyň parhy ýokdur, goý, ol bäbek bolsun ýa-da ýetginjek, ýa-da otuzdan hem öten bolsun, gyzlygyny ýitirmedik ýa-da jynsy gatnaşykda tejribeli bolsun, hiç haýsynyň hem parhy ýokdur — onuň jynsy gatnaşyk durmuşynyň arassalygy üçin şu wagt we mydama dyngysyz dileg ediň. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň ogluma (gyzyma) özüniň jynsy gatnaşyk durmuşyny ömrüniň ahyryna çenli arassa saklamaga kömek et. Oňa dogruçyl ýaşamaklyk islegini ber. Goý, päklik onuň şahsyýetiniň bir bölegi we özüni alyp barşynyň esasy bolsun. Garşydaş jyns bilen gatnaşyklarynda mydama Seniň parzlaryň boýunça hereket etmegine we Senden bolmadyk ähli zatlary terk edip bilmegine kömek et. Öz Sözüňiň hakykatyna onuň gözlerini aç we nikadan daşary jynsy gatnaşygyň hiç haçan hem pata getirmeýändigine, şeýle gatnaşyklaryň günä bolup, hakyky söýgi üçin esas bolup bilmeýändigine düşünmegine kömek et. Goý, onuň ýüregi jynsy gatnaşyklaryň yzasy zerarly hiç haçan hem ejir çekmesin. Men öz oglumyň (gyzymyň) durmuşynda hiç haçan hem nikadan ozal jynsy gatnaşygyň bolmazlygy we ýanýoldaşyndan başga hiç kim bilen hem jynsy gatnaşygynyň bolmazlygy üçin dileg edýärin. Goý, gomoseksualizm günäsi oňa hiç haçan hem ýanaşmasyn. Oňat niýetleri bolmadyk adam bilen gatnaşyklardan meniň çagamy gora ýa-da şeýle adamy onuň durmuşyndan kowup çykar. Ony her bir zorlukdan gora. Bu dünýä zynanyň ruhundan doludyr. Eý Hudaý, meniň çagamy ol ruhdan gora we gözlerini ol günälerden aýyr. Goý, ol Seniň duýduryşyňy hiç haçan hem ýadyndan çykarmasyn: «Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir» (Ýakup 4:4). Goý, meniň çagam mydama Saňa ýaranjaňlyk etmäge synanyşyp, hiç haçan hem zyna günäsini etmesin. Onuň janyny teniň höweslerinden halas et. Goý, eger meniň çagam Seniň islegiňden daşlaşyp, howpa ýakyn baranynda, Seniň Ruhuň edil duýduryş berýän yşyk ýaly yşyklanyp, çagamy howpdan saklasyn. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12). Çagamy synaga salanlarynda, oňa kömek et we onuň hakykatda berk durup, ten höweslerine «ýok» diýip bilmekligi üçin güýç ber. Durmuşynyň ahyrynda baky ýaşaýsyň täjini alyp bilmekligi üçin çagama dogruçyl durmuşy alyp barmaklygy öwret we oňa goldaw ber. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz, her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de, öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir. Çünki ozal size aýdyp güwä geçişimiz ýaly, bütin bu zatlar üçin Reb adamlary jezalandyrar. Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy. 1 Selanikliler 4:3–7 Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. 1 Korintoslylar 6:18 Ten bolsa ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir, Reb-de ten üçindir. 1 Korintoslylar 6:13 Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar. 1 Korintoslylar 10:13 Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr. Ýakup 1:14–15 25-NJI BAP ÖZI ÜÇIN HUDAÝ TARAPYNDAN NIÝETLENEN ÝANÝOLDAŞY TAPMAKLYGY ÜÇIN ÇAGA NÄDIP KÖMEK ETMELI Çagalarymyň doglanyndan soň, men olaryň geljekdäki ýanýoldaşlary üçin dileg edip başladym. Şu gün hem bu barada gileg edýärin we tä olaryň nikalaşanlaryna çenli bu barada dileg etmegimi dowam etdirerin. Şunuň bilen birlikde, men olaryň hiç haçan hem aýrylyşmazlyklary üçin dileg edýärin. Belki-de, kimbir biri üçin bu dilegler edil wagtynda ir ýaly bolup görünmekleri hem mümkindir, emma bu beýle däldir. Isany öz ýüreklerine kabul etmeklik çözgüdinden soň, öýlenmeklik ýa-da durmuşa çykmaklyk karary biziň çagalarymyz üçin iň wajyp bolup durýandyr. Çünki hut şu karar olaryň geljekki bütin durmuşlaryny kesgitleýändir, olaryň bu ädimleriniň öz maşgalalarynyň agzalaryna edýän täsiri barada bolsa gürrüň edesi zat hem ýokdur. Nädogry çözgütdir kararlar ähli ýakyn adamlar üçin agyry ýetirip bilýändir. Çagaňyzyň iň oňat ýanýoldaşynyň kimdigini diňe Hudaýyň bilýändigi üçin, diýmek, diňe Ol bu soraglar boýunça iň oňat maslahatçy bolup bilýändir. Diňe Hudaýyň pikiri dogry we anyk bolup bilýändir. Şowsuz nikany, ýanýoldaşlaryň gödekligini, bir-birleriniň biwepalyklaryny, gaýtadan nika gurmaklygy, gaty giç nika guranlary ýa-da ýekelikden ejir çekmekligi başdan geçiren tanyşlarym hakynda pikir edenimde, men olarda özleriniň geljekki ýanýoldaşlary we olaryň maşgalalary üçin dileg eden ata-eneleriniň bolmandyklary hakyndaky netijä gelýärin. Bir tarapdan, men olaryň nikalaryny kämil hasaplap bolýan we ýokarda agzalan belalaryň hiç biriniň hem öz başlaryna düşmedik är-aýallary hem bilýärin. Munda hiç bir geň galary zat ýokdur, çünki birwagtlar olar üçin ata-eneleri ýa-da özleriniň geljekki ýanýoldaşlary üçin olaryň özleri dileg eden bolmalydyrlar. Olar özleriniň eden kararlarynyň dogrulygyny Hudaýdan jogap alanlaryna çenli, dileg eden bolmalydyrlar. Bu adamlar garşydaş jynsly adam bilen gatnaşyklarynda ýeňilkellelik etmediler, zyna etmezlik baradaky Hudaýyň parzyny bozmadylar. Olar özleri üçin Hudaýyň saýlan ýanýoldaşlary üçin özlerini päk sakladylar we netijede Hudaý tarapyndan uly pata eýe boldular. Är-aýal birleşiginiň göklerde amala aşyrylýandygyna meniň synlamalarym we hususy tejribäm meni ynandyrýar (elbetde, eger biz iki adamy Özüniň baky ygtyýary bilen Birikdirýäne dileg edýän bolsak). Şat-şagalaňly we baý tutulan toý hiç haçan hem är-aýal bagtyny wada berýän däldir. Diňe Hudaý ol bagty bermeklige güýçlüdir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Ynsanyň ýüreginde köp maksatlar bardyr; Rebbiň maslahady bolsa berk durýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 19:21). Gelin bilen giýewi dogry ýola ugrukdyrýanlar maşgala we nika boýunça hünärmen maslahatçylar däl-de, Hudaýyň Özüdir. Ýaş çatynjalar maslahat üçin diňe Hudaýa ýüz tutup, Onuň parzlaryna boýun bolanlarynda, bagta eýe bolup bilýändirler. Biziň dileglerimiz bolsa çagalarymyzyň özleriniň duýgulary we höwesleri ýolundan gitmän, Hudaýy agtarmaklygyň ýolundan gitmeklerine kömek edýändir. Mukaddes Ruh nikany berkidýändir; aýrylmaklygyň ruhy bolsa ony aýyrýandyr. Çagalarymyza Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylyk edip, olaryň geljeklerini kesgitlemegi üçin biz dileg etmelidiris. Eger siziň ogluňyz ýa-da gyzyňyz bireýýäm nikada bolsalar, onda olaryň «bir pikirde we bir islegde birleşmekleri» üçin dileg ediň (1 Korintoslylar 1:10 seret), çünki «içinde bölünişik bolan islendik patyşalyk, şäher ýa-da öý berk durmaz» (Matta 12:25 seret). Gatnaşyklaryny dargatmaga ukyply bolan aýrylyşmak ruhunyň çagalaryňyzyň öýlerinde bolmazlygy hakynda dileg ediň. Eger siziň ogluňyz ýa-da gyzyňyz bireýýäm aýrylyşan bolsa, onda ähli darganlaryň dikelmegi we geljekde bolsa olaryň durmuşlarynda aýrylyşmaklyk barada pikir üçin ornuň bolmazlygy hakynda dileg ediň. Çagaňyzyň ýaşynyň näçedigine seretmezden, onuň nikasy üçin dileg ediň. Biziň döwrümizde aýrylyşmak adaty zady öwrüldi we hemmeler üçin hem durmuşyň belli bir tapgyrynda howp salýandyr. Geliň, hemmämiz bilelikde oňa garşy durup, özümizi we çagalarymyzy Hudaýyň Ogly bolan Isa Mesihiň Mukaddes Ruhunyň güýji bilen goralyň. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: (eger Sen meniň çagam üçin nikasyz galmaklygy kesgitlemedik bolsaň, onda) oglum (gyzym) üçin (ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň ady) kämil ýanýoldaşy iber. Çagama kämil aýaly (äri) iber. Meniň ogluma (gyzyma) ol adama dogry gatnaşyk etmekligi öwret. Ýanýoldaşyny saýlamaly pursady gelip ýetininde, oglumyň (gyzymyň) Saňa gulak asyjy bolmaklygy hakynda dileg edýärin. Goý, ol öz kararyny özüniň teniniň höwesleri esasynda däl-de, Seniň Sözüňiň esasynda kabul etsin. Goý, ol ähli zatda öz aklyna däl-de, Saňa bil baglasyn, goý, «öz ýollaryny» Seniň görkezmekligiň üçin ähli ýollarynda Seni tanasyn (Süleýmanyň tymsallary 3:5–6 seret). Çagamyň ýanýoldaşy bolmaklygyny bellän adamyňyň oňat adam bolup, Seniň parzlaryňa eýermekligi üçin dileg edýärin. Goý, ol meniň çagamy bagtly etsin; meniň çagama adaty söýgi bilen özi üçin Seniň kesgitlän adamyňa bolan söýginiň arasyndaky tapawudy görüp bilmekligine kömek et. Eger çagam özi üçin Sen tarapyndan kesgitlenmedik adam bilen höweslenýän bolsa, onda, eý Hudaý, onuň bu gatnaşyklaryny dargatmaklygyň üçin dileg edýärin. Merkezinde Seniň bolmadyk hiç bir nikanyň berk bolmajakdygyna düşünmekligine çagama kömek et. Eger är-aýal birleşigine Sen pata bermeseň, onda oňa hiç kim hem pata berip bilýän dildir, çünki Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir; şäheri Reb saklamasa, garawulyň oýa durmagy biderekdir» (Mezmur 127:1). Men Senden haýyş edýärin: bagtly maşgalanyň esasy bolup hyzmat etjek nikany bina et. Meniň oglum (gyzym) saýlaw edip, özüni nika bilen bagly etmekligi çözeninde, men Senden haýyş edýärin, eý Hudaý, goý, meniň oglumyň (gyzymyň) saýlany Seniň halaýan adamyň, Seniň wepaly guluň, Seni söýýän we Seniň ýollaryňdan ýöreýän, meniň gyzym (oglum) bolup bilýän we bütin maşgala üçin pata bolup bilýän adam bolsun. Goý, meniň çagamyň durmuşynda nika ýeke-täk nika bolsun. Goý, onuň är-aýal durmuşynda ne fiziki, ne-de ruhy taýdan zorluga ýer bolmasyn, emma, goý, onuň maşgalasyny aýralyk ruhuna ygtyýarly bolmadyk fiziki we ruhy birlik birleşdirsin. Men är-aýallary jedelleşmäge synanyşýan aýralygyň, düşünmesizlikleriň we terk etmekligiň ruhundan oglumyň (gyzymyň) azat bolmaklygy üçin dileg edýärin. Olaryň her birine är-aýallyk wepalylygyny saklamaklyk islegini ber we ony dargatmaga synanyşýan her bir islegi ýok et. Goý, meniň çagamyň söýgülisi bütin durmuşyndaky ýeke-täk ýanýoldaşy we dosty bolsun; goý, olaryň gatnaşyklarynda ömür boýy wepalylyk, ýylylyk, düşünmeklik, bagyşlamaklyk, birek-birege bolan goldaw, alada we söýgi höküm sürsün. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary «erkek we aýal edip ýaratdy». «Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular. Onsoň ikisi bir ten bolar». Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn. Markus 10:6–9 Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýewreýler 13:4 Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir. Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir. Markus 10:11 Aýal tapan ýagşylyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr. Süleýmanyň tymsallary 18:22 Eden ikinji işiňiz bu: siz Rebbiň gurbanlyk edilýän ýerini gözýaşlar, agy we iňňildiden doldurýarsyňyz; şeýle, Ol artykmaç sowgada garamaýar, ony hoşallyk bilen eliňizden almaýar. Siz: «Näme üçin?» diýýärsiňiz; çünki Reb ýaşlygyňyň aýaly bilen seniň araňda güwä boldy; ol seniň ýan ýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň. Ruhuň galyndysy Özüne degişli hem bolsa, Ol olary bir edip ýaratmadymy? Näme üçin bir etdi? Ol Hudaý zürýadyny agtardy; siz-de öz ruhuňyzy goraň, ýaşlygyňyzyň aýalyna dönüklik etmäň. Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: Men aýal goýbermäni, eşigini zuluma bürän adamy ýigrenýärin, goşunlar Rebbi diýýär. Munuň üçin ruhuňyzy goraň, dönüklik etmäň. Malaky 2:13–16 26-NJY BAP BAGYŞLAMAGY ÇAGA NÄDIP ÖWRETMELI Men çagalarymyň öňünde bir zat üçin ötünç soramaly bolanymda, olardan: «Men seni bagyşladym» diýen jogaba garaşýandygymy hemişe aýdýaryn. Men olaryň bu sözlerine gaty mätäçdigim üçin gaýtalamaklaryny soramaýan. Ýok, bu olaryň bagyşlap bilmezlikden doly azat bolmaklyga mätäçdikleri üçin wajypdyr. Edil şunuň ýaly, çagalarym öz aralarynda urşup, soňundan bolsa ýaraşanlarynda, olaryň bir-birlerine: «Men seni bagyşlaýaryn» diýip aýtmaklaryny talap edýärin. Eger hatda olar şol wagt heniz bir-birlerinden gaty gaharjaň bolsalar-da, bu sözleriň olaryň ýüreklerine täsir etjekdigini men bilýändirin. Elbetde, eger-de «men seni bagyşlaýaryn» diýen sözler ýürekden çykanynda, bu gaty gowy bolardy, emma hatda ol sözlerde çynlygyň ýoklugyna garamazdan, hiç zat diýmän, islegiň öz-özünde gelerine garaşyp oturanyňdan, ol sözleri aýdanyň oňatdyr. «Bagyşlamak — bu siziň saýlawyňyz, — diýip, men Kristofer bilen Amanda düşündirýärin. — Beýlekileri bagyşlamazlyk bilen, siz ölümiň öz durmuşlaryňyza aralaşmaklaryna rugsat berýänsiňiz. Bir adamy bagyşlamaklyk üçin iň oňady — onuň üçin dileg edip başlamaklykdyr. Goý, bu ilkibaşda ýeňil bolmasyn, emma bagyşlamaklygy çözüp, bagyşlap başlamaklyk bilen biz dileglerimize mätäç bolan kynçylyklaryň ummasyny görüp başlaýandyrys we şonda biziň ýüreklerimiz özümiziň göwnümize degen adama has hem ýumşak bolup başlaýandyr». Men bir-birlerinden bagyşlamaga garaşýan ençeme maşgalalary bilýärin. Olar bagyşlamagy islemeýärler; olar özleriniň bagyşlap bilmeklige islegleriniň peýda bolmagyna garaşýarlar. Netije-de bolsa şeýle maşgalalaryň agzalarynyň arasynda duşmançylyk peýda bolup, olaryň arasynda berk kök urýar; olar bir-birlerine we bir-birleri hakynda ýaman sözler diýýärler, käwagtlar bolsa ençeme ýyllap hem gürleşmän ýöreýärler. Bir-birlerine kiçigöwünli we mähirli duýgularynyň bolmazlygy sebäpli, olaryň ähli sözleri we işleri erkinlige eýe bolan gatylyk ruhy bilen güýçlendirilendir. Maşgalanyň käbir agzalarynyň kine saklaýjy bolýandyklary sebäpli, bütin maşgala ejir çekýär. Çaga öz ata-enesine ýöne bir hormat goýman (munuň üçin oňa bütin durmuşynyň pataly boljakdygy wada berlendir), eýsem olaryň ähli ýalňyşlyklaryny we ýazyklaryny hem bagyşlamalydyr. Belki-de, ata-enesiniň käbir ýalňyş hereketleri agyr ýatlamalar ýaly netijeleri berendir. Emma bulara seretmezden, ol öz ata-enesini bagyşlap bilmelidir. Olar şeýle-de öz doganlarydyr uýalaryny, daýylarydyr daýzalaryny, mamalarydyr babalaryny, dostlarydyr duşmanlaryny, hatda öz-özlerini hem bagyşlamalydyrlar. Biz bolsa bularyň barynda olary goldamaklyga borçludyrys. Eger biz öz çagalarymyza bagyşlamagy öwretmeýän bolsak, onda biz ýamanlygyň we olaryň durmuşlaryndaky geljekki belalaryň esasyny berkidýändiris. Çagalarymyzyň öz ýüreklerini ýumşadyp bilmekleri üçin biz olara diňe bir bagyşlamaklygy we dileg etmekligi öwretmeli däldiris. Eger biz dogrudan hem çagalarymyzyň adamlary söýüp bilmeklige öwrenmeklerini isleýän bolsak, onda biz öz-özümizi bagyşlap bilmelidiris. Kine saklamak we ýüregiňiň gatalmagy ýeňillik bilen durmuşymyzyň bir bölegi bolup galýandyr welin, biz hatda öz egnimizde nähili ýüki göterýändigimizi hem bilýän däldiris. Men ahyrsoňy beýleki adamy bagyşlamaklygyň onuň hereketlerini aklamaklyk däl-de, özümi azat etmeklikdigine düşünenimde, adamlary bagyşlamak meniň üçin gaty ýeňil boldy. Men beýleki adamy bagyşlamak bilen, oňa edil: «Seniň eden hereketiň ýaman däl» diýýändigim hakynda oýlanýardym. Emma bu beýle däl. Bagyşlamaklyk bilen biz Hudaýyň adalatlygyna bolan ynamymyzy tassyklaýandyrys. Hudaýa: «Atam, bu adama bolan ýigrenjiň öz ýüregimi eýelemekligini men islemeýärin» — diýmeklik bilen, men Hudaýyň hakykaty bilýändigini boýun alýandyryn we Onuň kazy bolmaklygyna rugsat berýändirin. Çünki bolup geçen zatlar barada hakykaty diňe Ol bilýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Reb adalat Hudaýydyr. Oňa garaşýanlar nähili bagtly!» (Işaýa 30:18). Özümiziň bagyşlap bilmeýändigimizi Hudaýyň öňünde boýun almaklyk bilen biz Onuň patalaryny alyp, azat bolýandyrys we Hudaýyň hereket etjek wagtyna garaşyp, arkaýyn bolup bilýändiris. Bu oňat dälmi ahyryn? Bu öz janyňy ýigrenjiň türmesinde saklap, öz durmuşymyza kesellere we kynçylyklara ýol açmaklykdan oňat dälmi? Nädip ogul özüni ýenjen kakasyny bagyşlap bilsin? Nädip ene öz gyzyny öldüren serhoş sürüjini bagyşlap bilsin? Nädip ýaş gyzjagaz öz üstünden zorluk eden daýysyny bagyşlap bilsin? Nädip adam özüne rehimdar bolmadyk adama rehimdar bolup bilsin? Eger bu adamlaryň bary Hudaýa ynanyp, Onuň doly bagyşlamagyna düşünip, ony kabul etmeseler, onda hiç hili bagyşlama barada gürrüň hem edip bilmeýändirler. Özünde ýaşaýşy we bütin durkumyzyň doly täzelenmegini özünde saklaýan bagyşlamany, Hudaýyň bolelin we şertsiz bagyşlamasyny kabul edenimizdäki duýýan ýeňilligimiz we gözlerimizden akýan şatlyk gözýaşlary bilen hiç bir zat hem deňeşdirilip bilinýän däldir. Resul Pawlus şeýle diýipdi: «Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn» (Filipililer 3:13–14). Eger biz geçmişe bagly bolup galýan bolsak, onda Hudaý tarapyndan özümiz üçin taýýarlanan durmuş bilen ýaşap bilmeýändiris. Isa şeýle diýdi: «Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» (Matta 5:7). Geliň, öz çagalarymyz üçin dileg edeliň. Olaryň adamlara rehimdar bolmaklary üçin dileg ediliň. Özlerine bolan Hudaýyň rehimdarlygyny duýup bilmekleri üçin hiç bir zadyň päsgel bermezligi üçin dileg edeliň. Her bir oňaýly ýagdaýda olaryň adama: «Men seni bagyşlaýaryn» diýip aýdyp bilmeklige öwrenmekleri üçin dileg edeliň. Öýkäniň olar bilen Hudaýyň arasynda diwar bolmazlygy we biziň dileglerimize päsgel bermezligi üçin dileg edeliň. Ol diwary ýykmaklyk üçin biziň wagtymyz ýokdur; bizde dileg etmeklik üçin gaty kän kynçylyklarymyz bardyr. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň ogluma (gyzyma) bagyşlap bilmekligi öwret. Onuň bagyşlap bilmeginiň ýeňil bolmaklygy üçin, Özüňiň bagyşlamaňyň bütin çuňlugyny oňa görkez. Beýleki adamlary özüniň duýgularynyň esasynda däl-de, Seniň tabşyryşyň boýunça bagyşlap bilmekligine kömek et. Bagyşlamagy bilen, onuň bir adamyň hereketlerini aklaman, özüniň azat bolýandygyny çagama aýan et. Biziň her birimiz baradaky hakykaty diňe Özüňiň bilýändigiňe düşünmegine kömek et. Şonuň üçin hem onuň höküm etmäge haky ýokdur. Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Doganyny söýýän her kes nurda galýandyr, onda büdreme sebäbi ýokdur. Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol garaňkylykdadyr. Garaňkylykda gezip, ol nirä barýanyny bilýän däldir, çünki garaňkylyk onuň gözlerini kör edendir» (1 Ýahýa 2:10–11). Özümiň haçan kine saklaýjy bolup, gödek bolanymy görkez, çünki men beýle bolmaklygy ismeýärin. Men özümiň gidýän ýolumy aýdyň görmek isleýärin. Hut şuny hem men öz çagam üçin hem soraýaryn: goý, ol hemişe bagyşlamaklygyň we söýginiň yşygynda gezsin. Maşgalanyň ähli agzalaryny, dostlaryny we beýleki ähli adamlary bagyşlap bilmekligine oňa kömek et. Seniň mirasyňy alyp bilmekligi üçin, geçmişiň zynjyrlaryndan azat bolmagyna kömek et. Onuň ýüreginde ajynyň, ýigrenjiň ýa-da gaharyň gizlenmegine ýol berme. Duýgularynyň peýda bolany dessine, olary Saňa açmaklygyna kömek et. Men Senden haýyş edýärin, çagama özüniň geçmişdäki ýalňyşlyklary we nädogry hereketlerini bagyşlap bilmeklige öwret. Goý, ol bu dünýäde we öz durmuşynda bolup geçýän ähli ýamanlyklarda Seni günäkärlemäge synanyşmasyn, eý Hudaý. Seniň öwredişiň ýaly, çagamyň öz duşmanlaryny söýmekligi, özüni nälätlenlere pata bermekligi, ýigrenýänlere ýagşylyk etmekligi we özüni yzaplap, azar berýänler üçin dileg etmekligi üçin dileg edýärin (Matta 5:44–45 seret). Isa Mesihiň ady bilen dileg edýärin, goý, meniň çagam öz günälerini Seniň bagyşlandygyňy bilip ýaşasyn we bu bilim sebäpli şatlykdan dolsun. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň. Efesliler 4:31–32 Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz. Matta 6:14–15 Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär. Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder. Matta 18:34–35 Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir; ýazygy geçmek onuň şöhratydyr. Süleýmanyň tymsallary 19:11 Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň. Siz bagyşlamasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz. Markus 11:25–26 27-NJI BAP TOBA ETMEKLIGIŇ WAJYPDYGYNA DÜŞÜNMEGINE NÄDIP ÇAGA KÖMEK ETMELI Siz çagalaryň diňe öz ýalňyşlyklaryny boýun almaklyga, toba etmeklige we bagyşlama almaklyga öwrenmedikleri üçin, olaryň özlerini günäkär duýmaklygyň täsiri astynda ýaşaýandyklaryny haçan hem bolsa bir wagt gördüňizmi? Şeýle çagalaryň ýüzleri günäkärlik duýgusyndan azat bolan çagalaryňky ýaly aýdyň we rahat däldir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Oňa bakanlar nurana boldular we ýüzleri utanmady» (Mezmur 34:5). Öz ýalňyşlyklaryny boýup alyp, olar hakynda ökünýän we üýtgemeklik isleýän çagalar öz günälerini gizleýän we üýtgemeklik islemeýän çagalara seredeniňde, daş-keşpleri boýunça has başgaça görünýändirler. Öz günäleriňi boýun alyp, toba etmeklik — bu biziň çagalarymyzyň ýerine ýetirmeli bolan iki sany durmuşy wajyplykdyr, çünki boýun alynmadyk günä Hudaý bilen biziň aramyzda diwar galdyrýandyr. Eger siziň çagaňyzyň: «Men muny etdim. Men bu barada ökünýärin we mundan beýläk gaýtalamak islemeýärin» diýen sözlerinden soň «Günäni terk edip, ony hiç haçan gaýtalamazlyk kararyny kabul etmekligi» aňladýan toba diňe şondan soň amala aşyrylýandyr. Toba edilmedik günä siziň çagaňyzy azatlykdan mahrum edýändir we bu onuň ýüzünde, gylyk-häsiýetinde we hereketlerinde aýan bolýandyr. Gulak asyjy bolmadyk Ysraýyla ýüzlenip, Hudaý şeýle diýipdi: «Onsoň siz ýollaryňyzy, içinde özüňizi murdar eden işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli ýamanlyklaryňyzdan ötri özüňi ýigrenersiňiz» (Hezekiýel 20:43). Toba edilmedik günämiz üçin özümize bolan ýigrenji biziň özümiz hem başymyzdan geçirýändiris we bu köplenç biziň öz-özümize kem baha bermekligimizden aýan bolýandyr. Eger ata-eneler bolan biz öz çagalarymyza eden günälirini boýun alyp, toba etmekligi öwretmesek, onda özüne kem baha bermeklik duýgusy we özüni günäkär duýmaklygy olaryň durmuşlarynda berk kök urup, çagalarymyzy betbagt edýändir. Çagalarymyň eden ýalňyşlyklaryny boýun alyp ýetişmänkä, men olaryň ýüzlerine seredip, olaryň ýalňyşlyk edendiklerini aňyp bilýärdim. Onsoň olar özleriniň günälerini gizläp, onuň agramyny eginlerinde göterip ýöremekligiň gaty agyrdygy hakynda gürrüň bererdiler. «Bu meniň Mukaddes Ruhdan özümiň görmeli zatlarymy açmaklygyny soranym üçin, — diýip, men çagalaryma aýdardym, — siz ýalňyş hereket edeniňizde, Mukaddes Ruh mydama maňa gürrüň berýär». Arassa çaga gözleriniň sönendiklerini görenim dessine, men şol pursat olaryň her bir gizlin günälerini Hudaýyň özüme aýan etmekligi hakynda dileg ederdim. Günälerini boýun alyp, toba edip, almaly jezalaryny alanlaryndan soň, Kristofer bilen Amandanyň ýüzleri has başgaça bolardy: olaryň egenlerinden agyr ýük gaçan ýaly bolardy. Günä ýüregiňi zäherleýändir, toba edilmedik günä bolsa adamy ýere egip, onuň keşbini üýtgedýändir. Toba edilen günä we ýumşak ýürek durmuşa yşyk, ynamlylyk we azatlyk getirýändir. Kämil çagalaryň ýoklugy üçin, öz çagalarymyzyň ýüreklerinde gizlenýän her bir günäleri görkezmekligi üçin biz Hudaýa dileg etmelidiris. Çünki toba edilmedik günä gaty çynlakaý zyýan ýetirip bilýändir. Bularyň baryny Hudaý edýändir, «çünki Ol ýürek syrlaryny bilýändir» (Mezmur 44:21 seret). Biziň hemmämiz hem öz aýallaryny urýan, çagalaryna azar berýän we «şatlykly» durmuş alyp barýan «ýakymly we oňat» erkekler barada eşidendiris. Şeýle erkegiň ýüreginde toba edilmedik gizlin günäniň bardygyna ynamly bolup bilersiňiz. Çagalarymyzyň ýüreklerindäki toba edilmedik her bir gizlin günäniň islenilmedik çynlakaý netijeleri berip biljekdigine şübhelenmän bolýandyr. Ol günäni aýan etmekligiň wagty geldi. «Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden taşlaň, täze ýürek we täze ruh ediniň; näme üçin öljek bolýarsyňyz, eý Ysraýyl öýi?» (Hezekiýel 18:31). Ahyrynda teniňiziň ýa-da ýüregiňiziň saglygy bilen tölemeli bolmalyňyz ýaly, öz ýüregiňizde we çagaňyzyň ýüreginde toba edilmedik her bir gizlin günäni açyp görkezmekligi hakynda Hudaýa dileg ediň. Günä ölüme alyp barýandyr. Toba bolsa ýaşaýşa. Biz günälerimizi boýun almaklygymyz Hudaýyň gözlerini açmaklyk üçin däldir. Hudaý şonsuz hem ähli zady bilýändir. Toba etmeklik — bu biziň arassalanyp, ähli zady täzeden başlamaklyk üçin mümkinçiligimizdir. Çagalarymyz muňa bizden hem kän mätäçdirler. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň çagamda (çagaňyzyň ady) öz ýalňyşlyklaryny boýun almaga taýyn bolan ýürek döret. Bagyşlama we arassa bolmaklygy almaklygy üçin, oňa toba etmekligi öwret. Seniň parzlaryňyň onuň öz bähbidi üçin berlendigine we Seniň ondan garaşýan günälerini boýun almaklygyň we toba etmekligyň özi üçin ýaşaýyş kadasy bolmalydygyna düşünip bilmekligine kömek et. Seniň öňüňde hakykatda gezmeklik islegini çagamyň ýüregine sal. Goý, ol Dawut bilen şeýle diýip bilsin: «Eý Hudaý, Öz merhemetiňe görä maňa rehim et; mährebanlygyň köplügine görä meniň jenaýatlarymy öçür. Meni ýazygymdan bütinleý ýuw, günämden tämizle. Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber. Meni huzuryňdan atma, Mukaddes Ruhuňy menden alma. Öz gutaryşyň şatlygyny maňa gaýtar, islegli ruh berip, meni söýgetle» (Mezmur 51:1–2, 10–12). Eý Hudaý, her bir gizlin günäni aýan et. Goý, meniň çagam olary boýun alyp, toba edip, bagyşlanma alyp bilsin. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Jenaýaty bagyşlanan we günäsi örtülen adam nähili bagtly!» (Mezmur 32:1). Men öz çagamyň günäsini hiç haçan hem gizlemän, mydama çyn ýürekden ony boýun almaklyga taýyn bolmaklygy üçin dileg edýärin. Goý, ol Saňa ýüzlenmeklik bilen, şeýle diýsin: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil» (Mezmur 139:23). Goý, ol hiç haçan hem özüni günäkär duýmaklygyň we höküm edilmekligiň duýgusynyň ýüki astynda ýaşamaly bolmasyn. Goý, ol Seniň özüni Mesihde bagyşlandygyňy bilip, mydama päk ynsap bilen ýaşasyn. Men onuň ýüreginiň mydama Saňa ýüzlenen, ýüzüniň bolsa mydama şatlykly bolmaklygy üçin dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar. Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. 1 Ýahýa 3:21–22 Erbet adam ýoluny we betniýet adam pikirlerini taşlap, Rebbe öwrülsin, Ol oňa rehim eder; Hudaýymyza öwrülsin, çünki Ol gaty geçirimlidir. Işaýa 55:7 Munuň üçin, eý Ysraýyl öýi, Men siziň her haýsyňyzyň üstünden öz ýollaryna görä höküm çykararyn, Reb Ýehowa diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, onsoň ýazyk size büdreme daşy bolmaz. Hezekiýel 18:30 Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler. Süleýmanyň tymsallary 28:13 Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, dönüň. Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar. Resullaryň işleri 3:19–20 28-NJI BAP NÄDIP DUŞMANYŇ GALALARYNY ÝYKMALY Çagaňyzyň ýagdaýyny görüp, özüňiziň howsalanyp, tolgunan pursatlaryňyz boldumy? Öz howsalalygyňyzyň sebäbine düşünmedik wagtlaryňyz hem boldumy? Eger şeýle bolan bolsa, onda özüňize Hudaý tarapyndan goýlan duýga gulak asyň we bolup geçýänleriň sebäbi hakynda Ondan soraň. Bizde ähli bolup geçýän zatlar hakynda bilýän älemiň Ýaradyjysy bilen gatnaşygymyz bardyr. Oňa biz akyldarlyk we ylham hakynda dileg edip bileris. Öz çagalaryňyzyň ýüzlerinde günäniň görünýändigine üns berdiňizmi? Üns beribem, onuň näme üçin şeýledigine düşünmän ýagdaýlaryňyz boldumy? Başgaça aýdylanda, siz bir günä hakynda güman edip, oňa subutnama tapyp bilmediňiz. Şeýle ýagdaýlarda men mydama: « Eý Hudaý, meniň akylsyzlygymy Sen bilýänsiň, günälerim Senden gizlin däldir» (Mezmur 69:5) diýip, Hudaýa dileg ederdim. «Çagam bilen näme bolýandygyny maňa aýan et». Her gezek hem Hudaý maňa teniň höwesi bilen edilen günäni görkezerdi. Şeýle, bir gezek çagalarymyň biri öz otagyna meniň rugsat bermeýän iýmitimi gizlinlikde alyp barypdyr. Beýleki gezek özleriniň isleýän netijelerine ýetmeklik üçin, olar ýalana ýüz urdular. Her ýagdaýda-da edilen günä meniň dileglerimden soň açyldy. Eneňi ýa-da ataňy aldamaklygyň gereginiň ýokdugyny, çünki iru-giç Hudaýyň olara hakykaty aýan etjekdigini men mydama çagalaryma duýduryş berýärdim. Tizara olar meniň sözlerimiň dogrulygyna göz ýetirdiler. Men bir wakany oňat ýadymda sakladym. Bu waka Amandanyň ýedi ýaşynda bolup geçipdi. Her gün irden men oňa lukmanyň tabşyrygy boýunça witaminleri — üç sany kiçijik dermanjyklary bererdim. Adatça men olary Amandanyň käsesiniň gapdylynda jamda goýardym. Ilki bilen gyzym özelenip, dermanlary kabul etmejek bolýardy, emma soňra köşeşip, onuň ähli garşylyklary bes edilerdi. Emma şol wagtlar meni Amandanyň özüni alyp barşy howsalandyrýardy. Men bir näsazlygy duýýardym, emma öz howsalalygymyň sebäbine düşünip bilmeýärdim. Men Hudaýa ýüzlendim: «Eý Hudaý, Amandanyň durmuşanda görüp bilmeýän, emma hökman görmeli bolan zatlarymy özüme açmagyň hakynda dileg edýärin». Soňky birnäçe günleriň içinde hiç hili üýtgeşik bolmady we men bu barada kän oýlanmadym, çünki goşlarymyzy ýygnamaklyk bilen meşguldym. Uly goşlarymyzy äkitmeklik üçin ýük ýükleýjiler gelenlerinde, biz çaga oturgyçlarynyň ýassyklaryny ýygnamaga girişdik. Ine-de, men Amandanyň oturgyjynyň ýassygynyň aşagynda ýigrimi alty sany dermanjyklary tapdym. Men öz gözlerime ynanyp bilmedim. Men tapan zatlarymy ärime görkezdim we bilelikde gülkümizi saklap bilmedik. Ýöne gyzymyz bilen çynlakaý gürrüňiň bolmalydygyna düşünýärdik. Biz ýene bäş ýassyklary aýyrdyk we gaty geň galyp, dört ýassygyň aşagynda gizlenen ýigrimi ýa-da otuz sany dermanlary tapdyk. Diňe Amandadan has daş bolan oturgyç «arassa» bolup çykdy. Bu gezek biz gülküden saklanyp bilmedik. Amanda mekdepden geleninde, biziň çynlakaý ýüzlerimizi gördi. Onuň öňündäki stoluň üstünde gyrasyna çenli dermanlardan doly bolan jam we onuň ýanynda suwly käse durdy. Amanda özüne aýdylan şu berk sözleri eşitdi: eger ol şu dermanlaryň baryny bir gezekde iýmek islemese, onda ol munuň nämedigini düşündirmeli bolar. Bu waka gaty gyzykly we has-da çynlakaý däl ýaly bolup görünýändir, ýöne eger bu hile gizlin galan bolsady, onda ol uly ýalana öwrülip bilerdi, ahyrynda bolsa ýalan çaganyň durmuşyndaky kada öwrülip hem bilerdi. Şeýle zatlaryň çynlakaý kynçylyklara öwrülip ýetişmänkä, Hudaýyň olary özümize açýandygy üçin men Oňa gaty minnetdardyryn. Çagaňyz bilen bir düşnüksiz zatlaryň bolýandygyny duýanyňyzda, onuň geň halynyň sebäbi gizlin günä bolmazlygy hem mümkindir. Onuň sebäbi çaganyň bir zatdan gorkmaklynda ýa-da bir zadyň oňa agyry ýetirmeginde hem bolup bilýändir. Belki-de, ol lapykeçlikde ýa-da aljyraňňylykdadyr, göripçiligi duýýandyr, men-menligiň ýa-da diňe özüni söýmekligiň ygtyýarlygy astyndadyr. Anyk kesgitlemek mümkin däldir; iň oňady — bu hakynda Hudaýdan soramaklykdyr. Hatda eger sizde şu ýagdaýa düşünmeklik mümkiçiligi bolmasa-da, şonda-da dileg ediň. Şeýle ýagdaýlarda dileg etmeklik üçin Isa bize gerekli sözleri galdyrdy: «Bizi iblisden halas et» (Matta 6:13 seret). Käwagtlar bizden aýratyn düşünje talap edilýän däldir; biziň üçin Hudaýa dileg edip, Onuň Öz Ruhy bilen çagalarymyzyň durmuşlaryny yşyklandyryp, olary ýamanlykdan goramaklygy hakynda dileg etmeklik wajypdyr. Hatda eger çagaňyzyň özüni alyp barşy siziň üçin ýerlikli bolup görünýän hem bolsa, şonda-da dileg peýdaly bolmaklygyna galýandyr. Mydama çagalary bir ýaman zatda aýyplamak dogry däldir; olaryň janlarynyň duşmanyny aýyplanmalydyr. Şeýtan oňaýly pursatdan peýdalanyp, gyrmaklyk maksady bilen çagalarymyzyň durmuşyna aralaşmak isleýändir. Hudaýyň Sözi şeýle duýduryş berýändir: «Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Petrus 5:8). Indiki aýat bize hereket etmeklik üçin anyk görkezme beýändir: «Dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň» (1 Petrus 5:9). Geliň, dileg edeliň. Dileg Eý Hudaý, men öz çagam (çagaňyzyň ady) üçin töwellaçylyk edýärin we Senden haýyş edýärin: Özüňe ýaramadyk her bir zatdan, durmuşynda günä üçin esas bolup bilýän her bir zatdan ony azat et. Eger men onuň nämeden azat bolmalydygyny bilmeýän bolsam, onda Sen hökman bilýänsiň. Oňa şypa bermekligiň üçin men Isa Mesihiň ady bilen Saňa dileg edýärin. Men şuny bilýärin, ýagny: «Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris» (2 Korintoslylar 10:3–5). Çagam bilen gürrüňdeş bolmaklyk üçin maňa akyldarlyk ber. Men şeýtanyň gizlinlikde hereket edýändigini bilýärin, şonuň üçin hem men Saňa bil baglaýaryn, eý Hudaý. Özümiň ähli bilmeli zatlarymy maňa aýan et. Çagam üçin howsalany, tolgunmany ýa-da aljyraňňylygy başymdan geçirenimde, dileg etmekligi maňa öwret. Menden gizlin bolan zatlaryň baryny görkez we goý, ähli gizlin zatlar aýan bolsun. Eger men bir zatlar etmeli bolsam, onda ony maňa görkez. Öz çagamy terbiýelemekde edýän kömekleriň üçin men Saňa gaty minnetdardyryn. Eý Hudaý, şu gün men öz oglumy (gyzymy, çagaňyzyň ady) Seniň eliňe tabşyrýaryn we Senden haýyş edýärin: oňa ýolbaşçylyk et, ony gora we öz durmuşynda berk orun tutmaga synanyşýan günäni oňa görkez. Öz ýüreginde galalar dikeltmäge synanyşýan şeýtan bilen göreşmeklige çagama (çagaňyzyň ady) güýç ber. Wagtynda Seniň huzuryňda gaçabatalga tapyp bileri ýaly, duşmanyň ýakynlaýandygyny duýup bilmeklik ukybyny çagama (çagaňyzyň ady) ber. Goý, ol Saňa şu sözler bilen ýüzlensin: «Meni ýaşyryn ýazyklardan akla» (Mezmur 19:12). Men Seniň Sözüň boýunça ykrar edýärin: «Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar» (2 Timoteos 4:18). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar. Matta 16:19 Şonuň üçin olardan gorkmaň. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. Matta 10:26 Elbetde, erbet adam jezasyz galmaz; dogrularyň zürýady bolsa gutular. Süleýmanyň tymsallary 11:21 Reb ezilýänlere pena bolar, muşakgatly çaglarda pena bolar. Mezmur 9:9 Meni çagyr, saňa jogap bereýin, bilmeýän uly hem pynhan zatlryňy saňa aýdaýyn. Ýeremeýa 33:33 29-NJY BAP ÇAGANYŇ AKYLDARLYGA EÝE BOLMAGYNA NÄDIP KÖMEK ETMELI Nätanyş adamyň maşynyna münmeli däldigini siziň çagaňyz bilýärmi? Ol howply bolandygy üçin, çuňňur suw howdanynyň ýanynda oýnamaly däldigini bilýärmi? Özüne neşe hödürleýän boýdaşlaryna meniň oglum ýa-da gyzym «ýok» diýip bilýärmi? Köçeden geçmezinden ozal, ol sagyna we çepine seretmekligi ýadyndan çykarmazmy? Özüne laýyk gelmeýän gyza özüne durmuşa çykmaklygy teklip etmezmi? Çagalarym özlerine ýakynlaşýan elhenç howpy duýup bilerlermi? Çagalarymyzyň ýagşylyklary we howpsuzlyklary köplenç olaryň özleriniň edýän kararlaryna baglydyr. Emma bu kararlaryň bolup biljek netijeleri baradaky pikir her bir ata-enäni gorka salyp bilýändir. Eger çagalarymyz akyldarlyk, ýagşyny we ýamany saýgarmaklyk ukyby, Hudaýyň sesini eşidip bilmeklik ýaly sylaglara eýe bolmasalar, onda olaryň kabul edýän kararlarynyň dogrulygyna biz ynamly bolup bilýän däldiris. Bu ýagşylyklara eýe bolmaklygyň ýeke-täk usuly — bu şeýle sylaglary bermekligi üçin Hudaýa ýüzlenmeklikdir. Mukaddes Kitap bize şeýle diýýär: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler» (Ýakup 1:5). Durmuşyňyzyň ýagdaýlaryna Hudaýyň ýolbaşçylyk edýändigini duýan pursatlaryňyz haçan hem bolsa bir wagt boldumy? Mysal üçin, siz ilki bilen göreýmäge geň ýaly kararlary kabul edýärsiňiz, ýöne ahyrynda ol dogry bolup çykýar. Belki-de, ýol düzgünleri gadagan etmäninde-de, siz çepe dönen dälsiňiz! Emma şonda siz çep tarapdan uçup barýan beýleki maşyn bilen çaknyşardyňyz. Siz dogry hereket etdiňiz, emma bu ýerde siziň gazanjyňyz ýokdur. Käbir adamlar muňa tötänlik diýýärler, men bolsa munda Hudaýyň niýetini görýärin. Biz öz çagalarymyzyň akylly we pähimli bolmaklaryny isleýändiris, çünki olar uly ýaşlaryna ýetenlerinde, öz durmuşlarynda has-da wajyp kararlary kabul etmeli bolýandyrlar. Şeýle, meniň oglum orta mekdebi gutaranyndan soň, anyk karar kabul etmeli bolanynda, men ýekelikde oturyp, demimi saklap, şeýle dileg etdim: «Eý Hudaý, oňa akyldarlyk we Özüňiň ýolbaşçylygyňa ynam ber». Hudaý bu dilegime jogap berdi we şu gün biz Kristoferiň şonda eden kararynyň dogrudygyna göz ýetirýäris (ýöne onuň şondaky hereketiniň hakyky sebäpleri hakynda diňe Hudaý bilýändir). Süleýmanyň ymsallary kitabynda anyk diýilýändir: «Akyldar ogul atasyny şatlandyrýandyr; akylsyz ogul bolsa enesine gaýgydyr» (Süleýmanyň tymsallary 10:1). Dogrudanam, oglunyň akylly hereket edendiginden uly buýsanjy onuň kakasyndan başga kim duýup bilsin we oglunyň özüni samsyk alyp baranlygyndan onuň enesinden başga kim gaýgylanyp, ejir çekip bilsin? Tymsallar bize şuny öwredýärler: eger biz «paýhasy çagyrsak» we edil hazyna agtarylyşy ýaly «ony agtarsak», onda Hudaý hakynda bilime eýe bolarys (Süleýmanyň tymsallary 2:3–5 seret). Biziň mätäç bolan ähli akyldarlygymyzyň, ähli maglumatlaryň Hudaýda jemlenendigine men ynanýaryn. Geliň, Hudaýa dileg bilen ýüzlenip, özümizi betbagtçylyklardan goralyň. Dileg Eý Hudaý, men çagama (çagaňyzyň ady) Seniň akyldarlygy we ýamany ýagşydan tapawutlandyryp bilmeklik ukybyny bermekligiňi haýyş edýärin. Öz göz öňüne getirmelerine hiç hili bagly bolmazlykda, diňe Saňa ynanyp bilmekligine we ähli işlerinde Seni görüp bilmekligine kömek et (Süleýmanyň tymsallary 3:5 seret). Oňa ýamany ýagşydan tapawutlandyryp bilmeklige ukyp ber we Mukaddes Ruhuňyň: «Ine ýol, ondan gidiň» (Işaýa 30:21 seret) diýýän sesini eşidip bilmekligine kömek et. Seniň sözüň boýunça, akyldarlyk we pähim uzak ömri, baýlygy, abraýy, üstünligi, şatlygy, kanagatlanmany we bagty getirýändir. Oglumyň durmuş bagtynyň onuň hut şu akyldarlygy we pähimi kabul etmekligine baglydygyny men bilýändirin. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Rebden gorkmak akyldarlygyň başlangyjydyr we Mukaddesi tanamak düşünjedir» (Süleýmanyň tymsallary 9:10). Goý, Seniň gudratlylygyňyň öňündäki sagdyn gorky we Seni tanamyklyk çagamyň durmuşynyň esasy bolsun. Goý, ol öz durmuşyny diňe şu esasda gursun. Goý, ol hiç haçan ýalňyşmazlygy üçin, karar kabul etmezinden ozal Saňa ýüzlensin. Aklyň ähli hazynasynyň we ähli bilimiň Sende gizlenendigini, eger biz dilesek, onda olary Sen bize şatlyk bilen berýändigiňi oňa aýan et. Eý Hudaý, goý, ol akyldarlygy diňe Sende agtarsyn. Senden haýyş edýärin: çagamyň parahatlyk we ýaşaýyş ýolundan ýöremekligi üçin, onuň ähli soraýanlaryny oňa bolelin ber. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Dogry adamyň atasy biçak begener, akyldary dünýä inderen oňa guwanar. Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin. Süleýmanyň tymsallary 23:24–25 Iň möhüm zat akyldarlykdyr; hikmet gazan, ähli gazananlaryň bilen düşünje gazan. Ony belent tut, ol seni beýgelder; ony gujaklanyňda seni hormata ýetirer. Süleýmanyň tymsallary 4:7–8 Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýändir. Rebbiň şaýatlygy ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir. Mezmur 19:7 Ýüregiňe hikmet gireninde, bilim janyňa hoş ýakanynda, ýaman ýoldan, egri sözli adamdan halas etmek üçin, paýhas seni saklar, düşünje saňa gözegçilik eder. Süleýmanyň tymsallary 2:10–12 Hikmet tapan, düşünjä gowşan nähili bagtly! Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr, ähli arzyly zatlar oňa taý bolup edip bilmez. Onuň sag elinde ömür uzynlygy, sol elinde baýlyk we hormat bardyr. Onuň ýollary ýakymly ýollardyr, ähli ýodalary parahatdyr. Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr. Süleýmanyň tymsallary 3:13–18 30-NJY BAP ÇAGANYŇ YNAMDA ÖSMEKLIGINE NÄDIP KÖMEK ETMELI Men ýetginjekleriň ata-enelerinden şeýle sözleri kän eşitdim: «Meniň oglumy hiç zat hem gyzyklandyrmaýar»; «meniň gyzym hiç bir maksatsyzlyk bilen öýüň içinde dyngysyz eýläk-beýläk ýöreýär»; «meniň oglumy mekdepden kowýarlar, ony bolsa bu ýagdaý hiç hili hem aladalandyrmaýan ýaly»; «meniň gyzym durmuşa bolan bar gyzyklanmasyny bütinleý ýitirdi». Şu wakalaryň her birinde çagalar durmuşyň manysyny görüp bilmändikleri üçin ejir çekdiler. Durmuşyň manysyny görüp bilmezlikleriniň manysy bolsa, olaryň Hudaýa we Onuň Sözüne ynanmazlyklaryndadyr. Ynamy bolmadyk çagalar üçin ýaşamaklyk kyndyr. Olarda oňatlyk üçin üýtgemelere umyt ýokdur. Olar öz maksatnamalaryny bilmeýändirler. Olar günden-güne, aýdan-aýa ençeme sagatlap telewizoryň öňünde oturýandyrlar. «Başgan geçirmeleriň» gözleginde olar köçede enteýändirler we adatça olary tapýandyrlar. Hudaýa ynanmaýan çagalar özleri ýaly çagalaryň jemgyýetlerinde wagtlaryny geçirýändirler. Hut şu hem kyn çagalar diýilýänleriň kynçylyklarydyr. Olar özleri üçin Isanyň Öz janyny pida edendigini bilmeýärler (Rimliler 5:8 seret), olar özlerini söýýän Hudaýyň perzentleridigini hem bilmeýändirler (Ýahýa 1:12 seret), özleriniň aýratyn maksatlarynyň we çakylyklarynyň bardygyny (1 Korintoslylar 7:22 seret), özleriniň geljekleriniň ajaýypdygyny (1 Korintoslylar 2:9) hem bilmeýändirler. Eger olar şulary bilen bolsadylar, onda ahli kynçylyklara döz gelip bilerdiler (Rimliler 8:37 seret). Şeýle-de, olar Hudaýa ynanýanlar üçin hemme zadyň mümkindigini (Markus 9:23 seret), özleriniň geljeginiň bolsa özünde täsin bir zady gizleýändigini hem bilmeýändirler. Bu çagalar diňe özleriniň ýetmezçiliklerini, şowsuzlyklaryny we ulularyň gündelik duşmançylyklaryny görýändirler. Şonuň üçin hem olar durmuşdan lapykeçdirler we hiç zady isleýän däldirler. Ýöne özleriniň kemçiliklerine bolan ynamlary olaryň Hudaýa bolan ynamlarynyň ýoklugy hakynda şaýatlyk edýän däldir. Emma özüni kemsidilen hasaplaýan adam Hudaýyň hem çäklidigi hakynda oýlanmaga başlaýandyr. Hut şonda onuň ynamy gowşap başlaýandyr. Eger çagalar durmuşyň ýeke-täk umytly, üýtgewsiz we gudratygüýçli Çeşmesine ynanmasalar, onda olar nädip özlerine we özleri üçin howply bolup görünýän geljeklerine ynamly bolup bilsinler? Indi bir çagany ulaldyp, ony uly durmuşa goýbermeklik bilen men şuňa düşünýärin: çagalarymyzyň öz ata-eneleriniň öýlerini taşlamaklary bilen, olaryň öz ýanlarynda saklajak ýeke-täk zady — bu Hudaýa bolan ynamdyr. Eger bizde öz çagalarymyzyň Hudaýa we Onuň sözüne berk ynamlarynyň bardygyna, ýüreklerinde bolsa Hudaýyň söýgüsiniň ýaşaýandygyna ynam bolsa, onda biz arkaýyn bolup bilýändiris. Çünki olar dogry ýol boýunça gidýändirler we olara baky durmuş garaşýandyr. Olaryň bulara ýetmeklerine köplenç biziň dileglerimiz kömek edýändir. Isa bilen günde bile bolan, Ony diňlän we Onuň täsinlikleriniň şaýatlary bolan resullar şonda-da: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýip, Ondan soradylar. Öz çagalarymyz üçin töwellaçylyk edenimizde, biz hem şeýle diýip bu hakynda diläp bilýändiris. Bizden hem kän täsinlikleri gören ysraýyllaryň ynamsyzlyklary üçin wada berlen ýere girmeklige olara rugsat berilmändi (Ýewreýler 3:19 seret). Özleri üçin Hudaýyň taýýarlan mirasyna eýe bolmaklaryna çagalarymyzyň gowşak ynamlarynyň päsgel bermegini biz isleýän däldiris. Biz olary Hudaýyň Sözüne öwredip bilýändiris. Hut Hudaýyň Sözi arkaly olaryň ýüreklerine ynam tohumy ekilýändir. Biz ol tohumyň ösüp ulalmagy hakynda dileg edip bilýändiris. Hudaýa ynanýan çagalar özleriniň ynanmaýan boýdaşlaryndan tapawutlanýandyrlar: olar özlerine ynamlydyrlar, maksada ugrukdyrylandyrlar, olar bagtlydyrlar, geljege şatlyk bilen seredýändirler we adamlar üçin has açykdyrlar. Ynamda güýçli adam üçin iň esasy häsiýetleriň biri — bu diňe bir maddy zatlar bilen däl-de, eýsem öz wagty we söýgüsi bilen paýlaşyp bilmekligidir. Ol mydama kyn ýagdaýda kömek etmäge taýyn bolýandyr. Hudaýa ynanýan adam Onuň söýgüsinden doludyr we beýleki adamlar bilen paýlaşmaklyk maksady bilen oňaýly wagty gözleýändir. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir» (1 Korintoslylar 13:13). Göklerde bize ynam gerek bolýan däldir, çünki biz bar zady öz gözümiz bilen görýändiris. Ol ýerde umyt hem bolýan däldir, çünki biziň ähli umyt eden zatlarymyzyň bary hakykatdan hem bolýandyr. Diňe söýgi hiç haçan hem tükenmän, baky dowam edýändir, çünki Hudaý söýgüdir, Ol bolsa bakydyr. Şonuň üçin-de, eger bize söýgi ýolbaşçylyk etmeýän bolsa, onda neneň uly işleri amala aşyrýandygymyzyň parhy ýokdur. «Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur» (1 Korintoslylar 13:1–3). Söýgi bilen ähli eden işlerimiz bakyýetde galýandyr we olar üçin sylag — ýaşaýyş täjidir. Söýgi — beýik baýlykdyr. Özüniň ynamdan başlaýandygyna seretmezden, söýgi ynamdan hem uludyr. Şonuň üçin hem biz öz çagalarymyzyň ynamda ulalyp, Hudaýyň elindäki ýaraglary bolmaklary hakynda dileg edýändiris. Adatça adamlar beýlekiler bilen paýlaşmaklygy isleýän däldirler, çünki olar ýitgä duçar bolmakdan gorkýandyrlar, olar özleri üçin kän aladalanýandyrlar. Beýleki sebäbi bolsa, olaryň ýüreklerinde adamlara bolan Hudaýyň söýgüsiniň ýoklugyndadyr. Geliň, öz çagalarymyzyň öz söýgüsi bilen paýlaşyp bilmekleri üçin dileg edeliň. Emma muny olaryň Hudaýa ynamlary, akyldarlyk we Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy astynda etmekleri üçin dileg edeliň. Eger olar şundan ugur alsalar, onda olaryň durmuşlary hökman Hudaýyň merhemeti bilen dolar. Haçanda biz öz çagamyz üçin gyzgyn we çynlakaý dileg edenimizde, özümiziň dilege, azat bolmaklyga we täzelenmäge mätäçdigimizi duýýandyrys. Eger biziň özümiz öýke-kinelerimizi ýadymyzda saklaýan bolsak, onda çagalarymyzyň bagyşlap bilmekleri üçin edýän dileglerimiz nädip peýdaly bolup bilsin? Eger biz öz ýüregimizde toba edilmedik günäni saklaýan bolsak, onda çagalarymyzyň toba etmeklige öwrenmekleri üçin dileg etmeklige biz nireden güýç alalyň? Eger biziň özümiz şübheler bilen göreşýän bolsak, onda nädip Hudaýyň çagalarymyzyň ynamlaryny berkitmegi hakynda dileg edip bileris? Eger özümiz rehimdar bolup bilmeýän bolsak, onda çagalarymyza adamlary söýmekligi nädip öwredip bileris? Men Hudaýyň huzuryna ýumşak ýürek bilen gelip, özümdäki ähli ýaman zatlary boýun alýaryn we Onuň kömek etmegi hakynda dileg edýärin. Eger siz öz ynamyňyzyň gowşaklygyny duýýan bolsaňyz, onda ony Hudaýyň öňünde boýun alyň we şu babyň ahyrynda getirilen dileg bilen ilki özüňiz hakynda, soňra bolsa çagaňyz hakynda dileg ediň. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: «Imansyz edilen zat günädir» (Rimliler 14:23). Eger biz şübhelenýän bolsak, onda Hudaýa gulak asyjy däldiris; eger biz ynanýan bolsak, onda gulak asmaklykda gezýändiris. Şübheler Hudaýyň gudratygüýçlüdigine ynamly bolmazlygyň netijesinde döreýändir. Öz gowşak ynamyňyza özüňiz bilen Hudaýyň arasynda beýik diwary dikeltmegine ýol bermäň. Goý, iň oňady — siziň şol gowşak ynamyňyz Hudaýa haýal etmän ýüzlenmegiňiz üçin sebäp bolsun. Dilegiňizde özüňiziň we çagaňyzyň ynamyny Hudaýyň artdyrmagy hakynda soraň. Şu kitabyň dilegleriniň toplumyny gutarýandygymyza seretmezden, men munuň diňe siziň täze dileg hyzmatyňyzyň başlangyjy diýip hasaplaýaryn. Bu dileg hyzmatyňyzda Hudaý size öz çagalaryňyzyň mätäçlikleri üçin töwellaçylykly dilegleriňiziň täze ýollaryny görkezer. Siziň edil dileg edýän ata ýa-da dileg edýän ene hökmünde eýe bolan güýjüňiziň özüňize Hudaýdan berlendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Siziň dilegleriňiz bolsa Hudaýyň erkiniň amala aşmaklygy üçin şol güýji azatlyga çykarýandyr. Bu güýç mydama hem siziň üçin elýeterdir; ol hiç haçan hem tükenýän däldir, munuň ýeke-täk böwedi — Hudaýyň hökman jogap berjekdigine bolan siziň gowşak ynamyňyzdyr. Emma bu ýagdaýda hem Hudaýyň merhemeti hereket edýändir we ol sizdäki göze görünmeýän, has kiçi bolan tohumdan ullakan agajyň ösüp ýetişmegine ýardam berýändir. Geliň, beýleki ata-eneler bilen dilegde birleşip, şeýle diýeliň: «Goý, dileglerden ekilen biziň ynamymyzyň dänesi ýaşaýyş getirsin we ýürekleri Hudaýa ymtylýan çagalarymyzyň uly adamlar bolup ýetişmegine ýardam bersin». Dileg Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «…öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň» (Rimliler 12:3). Men Senden haýyş edýärin: çagamyň ýüregine Özüňiň beren ynamyňy artdyr. Goý, Seniň Sözüňiň hakykaty onuň ýüreginde berkesin we günde oňa ýol görkezsin. Özgermekligi üçin ol her gezek Seni agtaranynda, Saňa ynanyp bilmekligine kömek et. Meniň çagama dogry kararlary kabul edip bilmekligi öwret. Özüniň umydynyň diňe Sendedigine ynamlylyk bilen çagamyň mydama Saňa ýüz tutmaklygy üçin dileg edýärin. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» (Ýewreýler 11:1). Goý, çagamyň ynamy hem şut şeýle bolsun. Men Senden haýyş edýärin: oňa şeýle ynam ber welin, onuň bu ynamy özüni ähli ýagdaýlardan we şowsuzlyklardan üstün saklap, ähli zatlaryň bolsa özüniň ýagşyly üçin bolýandygyna ynamlygyny berketsin (Rimliler 8:28 seret). Goý, meniň oglum (gyzym, çagaňyzyň ady) Sen bilen özüniň gatnaşynyň durmuşyndaky ähli zatlardan hem wajypdygyna berk ynansyn. Goý, ol hiç kimiň agram salmazyndan, öz islegi bilen Seniň ýanyňa gelsin. Bu dünýäden özümiň ötmeli wagtym gelip ýeteninde, çagamyň ynamynyň berk bolup, onuň «elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly» galýandygyna ynamly bolmaklygy isleýärin (1 Korintoslylar 15:58). Çagamyň ynamda gezmekligi bilen, beýleki adamlara hem içiljek söýgüden doly bolan Seniňki ýaly ýürege eýe bolmaklygy hakynda dileg edýärin. Goý, onuň ýüregi Seniň parzlaryňa laýyklykda, beýleki adamlar bilen paýlaşmaklyga taýyn bolsun. Beýlekiler bilen öz söýgüsini paýlaşmaklygy bilen, onuň hiç zat ýitirmän, diňe öňküsinden hem artyk baýlyga eýe boljakdygyny oňa aýan et. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň» (Efesliler 6:16–17). Goý, meniň çagam şeýtana garşy durup bilmekligi üçin, şu ýaraglar bilen ýaraglansyn. Goý, ol ynamda berk durup, şeýle diýip bilsin: «Maňa kuwwat berýän Rebbimiz Mesih Isa şükür edýärin. Sebäbi Ol meni sadyk saýyp, Öz gullugyna belledi» (1 Timoteos 1:12). Bularyň bary hakynda Isa Mesihiň ady bilen dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP BILJEK MUKADDES KITAPDAN ALNAN AÝATLAR Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir. Ýewreýler 11:6 Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler. Markus 11:24 Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: «Bu ýerden ol ýere göç» diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz. Matta 17:20 Ol iman bilen dilesin, hiç hili şübhe etmesin, sebäbi şübhe edýän adam ýel bilen çaýkalyp, eýläk-beýläk kowlup ýören deňiz tolkuny ýalydyr. Çünki bu adam Rebden bir zat alaryn diýip pikir etmesin. Ol bütin ýollarynda durnuksyz ikigöwünli adamdyr. Ýakup 1:6–8 Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys. Şeýlelikde, wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içersine ýagşylyk edeliň. Galatýalylar 6:9–10 GOŞMAÇA ÖZ ÇAGALARYŇYZ ÜÇIN BEÝLEKI ATA-ENELER BILEN BILELIKDE DILEG EDIŇ Öz çagalarymyz üçin köpçülikleýin töwellaçylyk etmeklik maksady bilen dileg ýygnaklaryny gurnamaklygyň ençeme synanyşyklaryndan soň, men şeýle hyzmaty nädip geçirmelidigine ahyry düşündim. Şeýle ýygnaklaryň gündeliginiň ýigrimi çaga üçin dilegden artyk bolmaly däldigine düşündim, çünki her bir çaganyň mätäçligi üçin 20–30 minut wagt sarp edilýändir. Ýigrimi çaga üçin dileg etmeklik üçin alty sagat gerek boldy. Ata-eneler özleriniň kän wagtlaryny gurban etmeli boldular, olaryň garaşmaklykdan sabyrlary gutaran çagalary hakynda bolsa gürrüň hem etmegiň geregi ýokdur. Şonuň üçin hem biz şeýle duşuşyklary ýylda bir-iki gezek geçirmekligi makul bildik we adatça bu ruhgüni ýa-da baýramçylyk günleri bolýardy. Biz özümiziň dileg ýygnagymyzy gündiz sagat ikide başladyk. Onsoň 17:00-dan 17:30-a çenli arakesme etdik, onsoň ýene-de agşam sagat 20:30-a çenli dowam etdirdik. Käwagtlar biz öz ýanymyz bilen iýmit getirýärdik, käwagtlar bolsa öýe getirmeklerini haýyş edýärdik. Ulularyň heniz dileg edýärkäler, ýetginjekleriň bolsa kiçi çagalara seretmeklerini haýyş edýärdik. Bir maşgalanyň ähli çagalary üçin dessine dileg etmeklik gerek däl eken, çünki dilegden soň bütin maşgala dessine öýlerine gitmäge ýygnanyp başlady. Şeýle-de, diňe özleri üçin dileg edilmekligi isläp gelip, dileg edilenden soň bolsa dessine gidýänleri hem biz goldamadyk. Iň erbedi bolsa, çagalaryny töwellaçylykly dileg üçin galdyryp, onsoň gelip, olary äkidýän pursatlarydy. Diňe ýekeje gezek bir ýeke enäniň şeýle haýyşyny ýerine ýetirdik, çünki ol özüniň gaty işli bolanlygy üçin biziň dileg ýygnagymyza gatnaşyp bilmedi. Şeýle ýygnaklarda ähli ata-eneler bütin ýygnak döwründe öz çagalary üçin dileg etmelidirler. Özleriniň şeýle ýagdaýlara taýýarmy ýa-da ýokdugy hakynda oýlanyp, karar kabul edip bilmekleri üçin, adamlar özlerinden edilýän talaplary öňünden bilmelidirler. Biz öz hereketlerimiziň yzygiderliligini kesgitlemeklik maksady bilen ähli maşgalalary sanamaklykdan başlaýarys. Onsoň biz tertip boýunça ilki bilen maşgalanyň nowbahar çagalary üçin, soňra bolsa kiçi ýaşly bolanlaryň ählisi hakynda dileg edip başlaýarys. Ata-eneleriň özleriniň ähli aladalaryny we howsalalaryny açyk aýdyp bilmekleri üçin biz dilegi çaganyň ýanymyzda bolmadyk ýagdaýynda başlaýandyrys. Çünki şeýle ýagdaýda ata-eneler öz çagalarynyň eşitmeli däl bolan wakalar hakynda açyk gürrüň berip bilýändirler. Şol çaga üçin dilegde biz Hudaýyň onuň saglygyny berkitmegi üçin, ony goramaklygy üçin, onuň hereketlerine Özüniň ýolbaşçylyk etmekligi üçin, öz başarjaňlyklaryny we ukyplaryny ösdürmekligi üçin we ata-eneleriň gürrüň beren has aýratyn ýagdaýlary üçin dileg edýäris. Mysal üçin, bir ene öz çagasyna dostlarynyň ýaman täsir edýändigi bilen gaty howsalanýardy. Çaganyň öz ýanymyzda bolmanynda, ol hakynda dileg edenimizde, biz oglanyň anyk dostlary hakynda töwellaçylyk etdik. Çaganyň öz ýanymyzda bolanynda, onuň üçin dileg edenimizde bolsa, biz onuň Hudaýyň yzyna eýerýän dostlaryndan Hudaýa garşy durýan dostlaryny tapawutlandyryp bilmekligi üçin dileg etdik. Şeýle ýagdaýda özüňi dogry alyp baryp, çagany özüni günäkär duýmaklyga mejbur etmän, onuň söýgülidigini görkezmeklik gaty wajypdyr. Şu ýyllaryň içinde bilelikde dileg eden maşgalalar öz çagalary üçin köpçülikleýin edilen dilegiň öz çagalaryna eden güýçli täsiri we dileglerine alan jogaplary hakynda şu günler hem gürrüň berýärler. Çagalar hem özlerini gerekli we söýgüli duýan şol ýygnaklary uly şatlyk bilen ýatlaýarlar. Ata-eneleriň özleriniň ata öýünden gaty daşda ýaşaýan uly ýaşly ogul-gyzlary üçin hem dileg etmekligi haýyş eden pursatlary hem bolardy. Ol ata-eneler hem biziň dileglerimiz arkaly getirilen oňat miweler hakynda şaýatlyk etdiler. Ata-eneleriň bilelikde dileg üçin ýygnanýandyklary sebäpli näçe çaganyň halas edilendigini we ýene-de näçe çaganyň halas ediljekdigini kim bilýär? Siz hem şeýle dileg toparyny gurnamaklyga howlugyň. Muňa talap gaty beýikdir we eger siz şeýle karar kabul etseňiz, onda adamlar hökman size gelerler. BELLIKNIŇ 1. Halkyna — käbir terjimelerde (mysal üçin, ýazaryň ulanýan iňlis terjimesinde) «ogullaryňa» diýlen. 2. Disleksiýa — okamaklyk ukybyna eýe bolmaklygyň bozulmaklygy. — Terj. Belligi. 3. Ýazaryň ulanýan Mukaddes Kitabyň iňlis terjimesinde bu söz «düşünje» ýa-da «aň» diýlip terjime edilen. — Terjimeçiniň belligi.