Andreý dogan HUDAÝYŇ KONTRABANDAÇYSY Sözbaşy Russiýanyň we öňki kommunistik bileleşige girýän beýleki ýurtlaryň soňky döwrüň içinde düýpgöter üýtgändiklerine hiç kim şübhelenmeýär. Indi bu döwletler täze taglymlar üçin has açykdyr we syýahatçylar üçin has elýeterlidir. Emma özgermeleri nämeler getirdi? Bilermenler şu güne çenli bu sebitleriň ösüşine täsir eden ykdysady we syýasy ýagdaýlary öwrenmek bilen meşgullanýarlar. Emma köpleriň ünsünden düşen ýene bir ýagdaý bar. Bu bir — ýeke-täk adam tarapyndan başlanan, adaty aýallardan we erkeklerden ybarat kiçijik toparyň döredijilik işleridir. Bu adamlar hem taryhyň özgermegine öz goşantlaryny goşdular. Biz Andreý bilen tanyşanymyzdan soň, ol barada ýazmalydygymyza şobada düşündik. Emma ilki bilen bir meseläni çözmelidi. Onuň meşgullanyp gelýän işleriniň köpüsini köpçülige ýaýratmak bolanokdy. Beýle edilse, birnäçe adamlarda uly betbagtlyk ýüze çykyp biljekdi. Onuň üstesine hem, göz öňünde tutulýan haýsydyr bir taryhy hakykatlary-da üýtgetmeli bolardy. Biz köp ýagdaýlarda atlary, wakalaryň atlaryny we senelerini toslap tapyp ulandyk. Elbetde, biz serhetlerden geçişimiz we gerekli edebiÿaty geçirişimiz barada gürrüň bermegi makul bilmedik. Hatda ähli seresaplylygymyz bilen baglylykda-da Andreýiň taryhy düýbünden üýtgeşikligine we hemmämiz üçin wajyplygyna galýar. Andreý kiçiräk bir golland obasynda, baý bolmadyk demirçi ussanyň maşgalasynda önüp ösüpdir. Edil hemmeler ýaly, 1950-nji ÿyllaryň başynda, ol dünÿäniň üçden bir böleginde öz hökmüni ýöredýän kommunizmiň nähili kuwwatly güÿjüniň barlygyna düşünipdir. Edil biz ýaly, ol hem kommunistik lagerli ýurtlaryň Günbatar üçin, esasan-da, hiç bir maliýe kömeksiz işleýän ýalňyz wagyzçy üçin hem ýapyklygyny bilýärdi. Hemmeler ýaly, ol hem Russiýa, Wengriýa, Albaniýa ýa-da Hytaýa ýöne gelip, başga durmuş ýörelgelerini wagyz edip başlamagyň mümkin däldigini bilýardi. Ynha, indi biz onuň ýeke-täk üýtgeşik taryhynyň başyna-da golaýladyk. (Jon we Elizabet Şerli, GUIDEPOSTS, Karmel, Nýu-Ýork) Birinji bap TÜSSE WE GURADYLAN ÇÖREK Men ilkinji gezek agaç çokaýlarymy aýagyma geÿen wagtymda (Gollandiýada olary «klompen» — diÿip atlandyrýarlar), başdan geçirmeler barada arzuw edip başlapdym. Men uruşda içalydym, duşmanyň tylyna çenli baryp ýetipdim, tikenekli demir siminiň aşagyndan süÿrenip geçipdim, depämden duşmanyň oklary sygyryp geçýärdi. Elbetde, meniň mahriban Witte atly obajygymda duşman esgerleri ýokdy, şonuñ üçinem biz biri-birimiziň garşymyza söweşýärdik. Biz, oglanjyklar, öz klompenlerimizde «uruşýardyk». Kim öz çokaýyna elini ýetirip ýetişmese, onuň depesinden agaç çokaý inýärdi. Men öz dostum bolan, «duşmanym» Kesiň kellesinde öz çokaýymyň döwlen güni ýadyma düşýär. Biz onuň maňlaýynda tüňňerip çykan çiş däl-de, zaýalanan aýakgap sebäpli gorkupdyk. Kes ikimiz jaýrylan klompeni bejermäge synanyşyp oturşymyza, bolan urşy düýbünden unudypdyk. Ýöne, beýle ussatlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çekilen zähmetiň netijesinde gazanylýar. Şol gün agşam, käri boýunça demirçi ussa bolan kakam ädikçi bolmaly boldy. Şol gün kakam alty çagany eklämege ýardam edýän mellegimizi suwarmak we ondaky haşal otlary otamak üçin ir bilen sagat bäşde turupdy. Soňra ol öz tigirinde Alkmarda ýerleşýän demir ussahanasyna barmak üçin dört millik ýoly geçipdi. Ine-de, şol gün agşam, ol meniň mekdebe geýip gitmegim üçin, agaç çokaýymy bejermäge oturdy. Ol haýallyk bilen çokaýyň daban tarapyndan simjagaz geçer ýaly deşikler ýasady. Ýüp hökmündäki simjagazlar çokaýyň ökjesi bilen burnuny berkidýärdi. «Andreý, indikiňe seresap bol!» — diýip, kakam gaty ses bilen aýtdy. Kakamyň gulagy agyrrakdy, şol sebäpli-de ol gürlände gygyryp diýen ýaly gürleýärdi. Men oňa örän oňat düşünýärdim: maşgalamyzda her bir zat agyr zähmet bilen gazanylýardy. Biziň obamyzda bir maşgala bardy. Bu maşgalanyň agzalary meniň oglanlyk hyýalymda maňa duşman bolup galypdy. Bu Uetstrleriň maşgalasydy. Men näme sebäpden Uetstrleri halamaýandygymy bilemokdym. Belki-de, olaryň obada ilkinjiler bolup nemesleriň urşy hakda gürrüň gozganlygy üçindir, bu mowzuk bolsa, Wittede gaty bir meşhur däldi. Mundan başga-da olar Injiçi wepaly mesihilerdiler. Olaryň: «Hudaý sizi penasynda saklasyn!», «Hudaÿyň emri bilen» — diÿip, ýygy-ýygydan gaýtalamalary, meniň ýaly gizlin agent üçin ýerliksiz bolup eşidilýärdi. Şol sebäpli-de, olar meniň aňymda duşman bolup galypdylar. Ýadyma düşýär, bir gezek, edil hanym Uetstra ojaga süýjüli nan salyp durka, men olaryň öýüniň äpişgesiniň ýanyndan geçip barýardym. Edil öýe girilýän gapynyň öňünde, diwara ýaplanyp goýlan täzeje äpişge aýnasyna gözüm düşdi. Aýnany gören badyma meniň kelläme bir pikir geldi. Indi-hä men hemişe ýylgyryp ýören Uetstranyň adaty gollandiýaly ýaly gaharynyň gelýänini synlap bilerin. Men aýnany aldym-da örän seresaplylyk bilen front ýolundan duşmanyñ tylyna tarap süýşüp ugradym. Obamyzyň ähli jaýlarynda bolşy ýaly, Uetstrleriň hem öýüniň samanly üçegine merdiwan direlip goýlandy. Men öz klompenlerimi çykardym-da, ýokaryk çykdym. Örän ýuwaşlyk bilen aýnany tutuşlygyna turbanyň agzyny berk ýapar ýaly edip goýdum. Soňra üçekden düşdüm, köçäniň beýleki tarapyna geçip, nämeleriň boljagyny görmek üçin, balyk satyjynyň arabasynyň aňyrsynda gizlendim. Elbetde, tüsse turba boýunça yzyna öýe girÿärdi. Hanym Uetstra gykylyklap aşhana ylgap bardy-da, çalasynlyk bilen ojagy açdy we öňlügi bilen tüssäni kowup başlady. Jenap Uetstr ylgap köçä çykyp, turba tarap ýokary seretdi. Eger men süýjülikli gollandiýa hekaýatyna garaşýan bolsam, meniň lapym keç bolardy. Ýöne onuň howlugyp merdiwan bilen ýokary galanyny görenimde welin, onuň ýüzüniň bolşy adatydy. Men howp salyjy duşmanyň üstünden meşhur ýeňiş gazanandygymy bellik etdim. Meniň ýene bir söýgüli duşmanym — uly doganym Bendi. Beýleki uly doganlar ýaly, Ben hem zatlary alyş-çalyş etmeklige örän ussatdy. Biziň üçekdäki umumy ýatak jaýymyzdaky onuň burçy, birmahal maňa we beýleki çagalara degişli bolan ajaýyp zatjagazlardan hemişe dolar durardy. Biz bolsa, hiç wagt onuň bilen nämeleri alyş-çalyş edenimizi ýadymyza salyp bilmeýärdik. Onuň esasy baýlygy al reňkli doňuzjyk-pul toplaýyjydy, ol ozallar biziň gyz doganymyz Martýeniňkidi. Onuň içinde Ben burgomisteriň berýän ownuk tabşyryklaryny ýerine ýetirip ýa-da mekdebimiziň mugallymy hanym Mekleniň bagynda işläp gazanan pullaryny saklaýardy. Germaniýadan täzelikler ýygy-ýygydan gelip gowuşýardy. Ben meniň pikir-hyýallarymda harby enjamlaryny öndürýän örän baý nemes bolup durýardy. Bir gezek ol nobatdaky gazanjyny etmäge ugranda men onuň pul toplaýyjysyny tekjeden aldym, onuň deşigine pyçak sokdum-da, arkasyny aşak edip salladym. Mele köýnekli milletçi goragçylarynyň garşysyna gizlinlikde geçirilen takmynan on bäş minutdan soň, men duşmanyň bir guldene golaý puluny aldym. Bu kyn bolmady. Gazananymy näme etmek meselesi has kyn boldy. Gulden ýigrimi bäş sente deňdi — obadaky çaga üçin bu uly bir baýlykdy. Eger men şunça pul bilen dükana barsam, hökman bir topar soraglar ýüze çykar. Men näme etmelidigini bildim. Eger pullary tapdym diýsem nähili bolarka? Ertesi men mekdepde mugallymyň ýanyna bardym, elimi uzadyp: «Hanym Mekle, serediň, men näme tapdym» — diýdim. Hanym Mekle haýal dem aldy-da: «O-ho, bu puluň köpdügini!» — diýdi. «Men muny özümde galdyrsam bolarmy?» «A sen bu puluň kimiňkidigini bilýärsiňmi?» Hatda gynasalar-da, men hakykaty aýtmazdym. «Ýok hanym, men ony köçeden tapdym». «Onda olary polisiýa äkitmeli, Andi. Ol ýerde olary näme etmelidigini aýdarlar». Polisiýa! Men bu barada pikir hem etmändirin. Şol günüň özünde gorky we tolgunmak bilen men pullary kanuny hem tertibi goraýjylara eltip berdim. Men şeýle bir gorkdum, biziň bölümimiz edil gestapo ýaly bolup göründi. Maňa pullar nähilidir bir aýratyn dönüklik bilen ýalpyldap görünýän ýalydy. Nähili-de bolsa, meniň aýdanlaryma ynandylar, sebäbi polisiýanyň başlygy bukjanyň ýüzüne meniň adymy ýazyp, pullary oňa saldy, eger bir ýylyň dowamynda olara eýe çykmasa maňa beriljekdigini aýtdy. Şeýlelik bilen, her niçik-de bolsa, men bir ýyl geçenden soň azyk dükanyna bardym. Şunlukda, Ben hiç wagt öz pullaryny gözlemedem. Emma bu ýagdaý ähli oýny bozdy. «Duşmanyň» tylyndaky gozgalaň duýgusynyň deregine, adaty ogurlyk hökmünde süýjüleri berýärdiler. Meniň pikirimçe, täsin başdangeçirmeler hakyndaky gutarnyksyz arzuwlarym, haýsydyr bir derejede ejemiň radiosyndan gaçmak synanşygy bolup durýardy. Ejem bütinleý maýyp diýen ýalydy. Ýürek agyrysy zerarly ol wagtynyň köp bölegini kürsüsinde geçirýärdi. Onuň ýeke-täk güýmenjesi radiody. Emma ol diňe bir gepleşigi — Amsterdamdan berilýän injil radiogepleşigini diňleýärdi. Käwagtlar onda senalar ýaňlanardy, käwagtlar bolsa wagyz ederdiler. Maňa olar hemişe içgysgynç täsir ederdi. Ýöne ejeme beýle täsir etmeýärdi. Din onuň durmuşydy. Hatda Witteniň ölçegleri boýunça hem biz garypdyk, biziň öýümiz bolsa, obada iň kiçijik öýdi. Ýöne biziň işigimize yzy üzülmeýän gedaýlar, entäp ýören wagyz edijiler, syganlar gelýärdiler. Olar ejemiň stolunyň başynda hemişe hemmelere orun tapyljakdygyny bilýärdiler. Şeýle günlerde peýnir has ýuka kesilerdi, çorba suw goşulardy, ÿöne myhman öz ýetdik paýyny alardy. Tygşytlylyk ejem üçin edil myhmansöýerlik ýaly wajypdy. Eýýäm dört ýaşymda men kartoşkanyň gabygyny örän ýukajyk edip arassalap bilýärdim. Ýedi ýaşym dolanda bu borç kiçijik doganym Korneliusa geçdi. Maňa bolsa has jogapkärli, köwüşleri ýalpyldaýança arassalamak işi tabşyryldy. Olar biziň her gün geýýän klompenlerimiz däldi, dynç günlerinde geýýän deri köwüşlerimizdi. Eger köwüşleriň jübüti on bäş ýyl gulluk etmezden sandan çyksa, onda bu ykdysady betbagtlyk hasaplanylÿardy. Ejem köwüşleriň şeýle bir ýalpyldamalydygy, hatda olaryň ýalpyldysyndan wagyz edijiniň gözlerini açyp bilmeli däldigini aýdardy. Ejemiň agyr zatlary göterip bilmeýänligi üçin, Ben her hepdede kir ýuwardy. Eşikleri kir ÿuwulýan taňňyra salmalydy, soňra olary ondan çykarmalydy, sebäbi kir bir jübüt tegelekler hereketlendirip ýuwulýardy. Bu tilsimat täzeligi öýümiziň guwanjydy. Biz nobat boýunça eltutarda Beni çalyşardyk, ony ellerimiz ýadaýança öňe yza hereketlendirerdik. Hiç zat etmeýän ýeke-täk adam-maşgala agzasy uly doganym Bastiandy. Ol Benden iki ýaş, menden bolsa alty ýaş uludy. Basa hiç wagt hiç hili iş öwretmeýärdiler. Ol uzakly günläp ýoluň gyrasyndaky agajyň aşagynda obanyň ýaşaýjylarynyň geçişini synlap durardy. Witte daragtlara garyp toprakda ösen wýaz agaçlary bilen tanalýardy. Her öýüň ýanynda wýaz agajy ösýärdi. Olaryň şahalary biri-biri bilen çolaşyp, ýoluň üstünde ýaşyl zolagy döredýärdiler. Näme üçindir Bas hiç wagt biziň wýaz agajymyzyň aşagynda durmaýardy. Ol özüne ýoluň aşak ýüzündäki üçünji agajy saýlap aldy we uzak günläp, tä biziň birimiz ony agşamlyk naharyna çagyrýançak, şol ÿerde galýardy. Meniň pikirimçe, ejemden soň, dünýäde hemmeden artyk Basy gowy görýärdim. Haçan-da oba adamlary onuň gapdalyndan geçenlerinde, onuň ýüzündäki täsin, utanjaň ýylgyrşy görmek üçin, adatça oňa: «Oh-o, Bas!» — diýip ýüzlenýärdiler. Ol köp ýyllaryň dowamynda bu sözleri ýygyýygydan eşidip gezdi, soňlar bolsa bu sözleri onuň özi gaýtalap başlady. Bu sözler onuň aýdyp bilýän ýeke-täk sözleridi. Emma Bas gürläp bilmese-de, hatda özbaşdak geýnip bilmese-de, onda bir üýtgeşik, täsin zehin bardy. 30-njy ýyllarda köp gollandlaryň öýlerinde bolşy ýaly, biziň kiçijik myhman otagymyzda-da kiçijik organ saz guraly durardy. Maşgalada diňe kakam notalary okap bilýärdi. Ol agşamlaryna kiçijik oturgyçda oturyp, saz guralynyň aýak basgyjyna basyp, senalaryň gadymky ýygyndysyndan saz saýlardy, galanlarymyz bolsa aýdym aýdardyk. Basdan başga hemmämiz hiňlenerdik. Kakam saz çalyp başlan badyna Bas ýere özüni oklap, organyň aşagyna sümülerdi-de, kakamyň aýaklarynyň ýanynda togalanyp, saz guralyna berk gysylardy. Elbetde, kakam gödek we ýalňyşlar bilen saz çalardy. Bu onuň diňe sazy eşitmeýänliginden däl-de, eýsem uzak ýyllaryň dowamynda çekiç bilen sandalda işlemegi sebäpli barmaklarynyň çişik we emelsiz bolmagyndandy. Käwagtlar ol bir agşamyň dowamynda saz guralyndan näçe nädogry notalary çalşy ýaly, şonça-da dogry notalary hem çalýardy. Ýöne Bas üçin parhy ýokdy. Ol titreýän agaja şeýle bir gysylýardy we onuň ýüzünde beýan edip bolmajak guwanç görünerdi. Ol ýatan ýerinden kakamyň haýsy klawişi kakanyny görüp bilmeýärdi. Bas birden tutardy we kakamyň egnine ýuwaşlyk bilen elini goýardy. «Oho Bas, oho Bas» — diýip gaýtalardy. Şonda kakam ýerinden turardy, Bas bolsa onuň ýerine oturgyja geçerdi. Ol kakam ýaly ýygynda güÿmenip başlardy, sahypalaryny agdarardy, ýöne kitapça köplenç başaşaklaýyn durardy. Şonda ol ýygyndynyň sahypasyna seredip, edil kakam ýaly saz çalyp başlardy. Ol kakamyň şol agşam çalan aýdymlarynyň sazlaryny başyndan täsoňuna çenli gaýtalap çalardy. Ýöne edil kakamyňky ýaly bolmaýardy — ynamsyz, tagaşyksyz we ýasama çykmaýardy. Bas ÿalňyşsyz we şeýle owadan çalýardy welin, hatda adamlar köçede ol sazy diňlemek üçin saklanýardylar. Tomusda agşamlaryna, gapy açyk duranda, öýümiziň ýanyna adam bary ýygnanardy we köp diňleýjileriň ýaňagyndan göz ýaşlary akardy. Çünki Bas saz çalanda, organyň başynda perişde oturan ýalydy. Elbetde, ybadathana barmak her hepdäniň uly wakasydy. Witte polderleriň üstünde, gollandiýalylaryň birnäçe nesilleriniň dowamynda derýadan söweşip alan kenarýaka çäklerinde durdy. Şol sebäpli-de, biziň obamyz, polderleriň üstündäki ähli oba ýaly, bendiň ugrunda ýerleşendi. Bizde, bendiň ýokarysy bilen günortadan demirgazyga uzap gidýän ýekeje köçe bardy. Jaýlaryň hemmesi diýen ýaly, suwdan ýokarda ýerleşýän depejiklerden ybarat bolan adalarda durdular. Her bir jaý zeý akabasynyň üstünden geçýän kiçijik köpri arkaly ýol bilen birleşýärdi. Köçäniň soňunyň iki tarapynda-da, iň beýik depeleriň üstünde iki sany ybadathana ýerleşýärdi. Ispanlaryň basybalyjykly hereketleriniň döwründen bäri, Gollandiýada katolikler bilen protestantlaryň arasynda öňki ýaly biraz dartgynlylyk bardy. Iş hepdesiniň dowamynda balyk söwdasyny ediji ownuk demir harytlary dukanjygynyň eýesi bilen rahat gürleşip gezýär. Emma, dynç güni balyk söwdasyny ediji öz maşgalasy bilen obanyň demirgazyk tarapyndaky rimlileriň katolik ybadathanasyna tarap ugraýar. Şol bir wagtyň özünde ownuk demir harytlary dükanjygynyň eýesi maşgalasy bilen günorta tarapa protestantlaryň ybadathanasyna ugraýar. Ýol ugrunda olar bir-birlerine hatda kellelerini yrap hem salamlaşmaýardylar. Biziň maşgalamyz öz protestant däp-dessurlaryna örän guwanýardy. Meniň pikirimçe, kakam biziň jaýymyzyň obanyň demirgazyk böleginiň soňunda ýerleşýändigine örän guwanýan ýalydy. Sebäbi bütin köçäniň uzynlygy obanyň dogry ugur boýunça hereket edýändigini görkezýärdi. Kakamyň kerligi sebäpli, biz hemişe ybadathananyň birinji hatarynda oturardyk. Ýöne ol hatar bütin maşgalamyz üçin örän gysgady. Maňa hemişe ejem bilen kakamy we beýleki çagalary öňe göýberip, olardan galyp yzda gezmek başardýardy. Soňra men yzky hatarlara «ýer tapmaga» gidýärdim. Adatça, men ol ýeri ybadathanadan mümkin boldugyça daşda tapýardym. Gyşda men doňan ýodada agaç klompenlerimde typyp oýnardym. Tomusda bolsa, hudaýa ybadat edilýän wagty, men meýdanda şeÿle bir rahat oturardym, hatda gargalar meniň egnime gonup, gulagymy biraz çokalardylar. Nähilidir bir geň duýgy maňa mydama Hudaýa ybadat etmegiň haçan tamamlanýandygyny takyk aýdardy. Menem edil wagtynda, ilkinji ejir çekijileriň ybadathananyň jaýyndan çykyp başlan pursaty, ybadathananyň eýwançasyna sümülip girmäge ýetişerdim. Men entek bir gezegem ýoklugymy bilmeýän wagyz edijiniň gapdalynda durardym. Men ybadathana gelenleriň gürrüňini diňlärdim. Şeÿlelik bilen men mowzukdyr mazmuny, käwagtlar bolsa, ybadatyň düýp manysyny-da bilerdim. Bu aňtaw meniň üçin aýratyn wajypdy, sebäbi men onsuz bu başdan geçirmäniň esasy bölümine hötde gelip bilmezdim. Gollandiýada ybadathanadan soň öýler boýunça ýygnanyşmak adaty bardy. Şeÿle ýygnanyşmalar üç sany esasy bölekleri öz içine alardy: ol ýerde kofe içilerdi, uzyn çilim çekilerdi we ybadat barada takyk ara alnyp maslahatlaşylardy. Obamyzyň erkek adamlarynyň şunuň ýaly uzyn, gara çilimi, diňe hepdede bir gezek çekmeklige mümkinçilikleri bardy. Her dynç güni olaryň aýallary ajy gara kofäni taýýarlanlarynda, olar çilimlerini çykaryp uly dabara bilen çekerdiler. Heniz şu güne çenli men kofäniň we çilimiň ysyny alanymda, ýüregim has güýçli urup başlaýar. Bu ys mende, «ybadat wagty meni ybadathanada boldy diýip hasap edýän ene-atamy, bu gezegem aldap bilermikäm?» — diýen duýgy bilen baglylykda, gorky we gaharjaňlyk garyşyp gidýän duýgulary döredýärdi. «Meniň ýadymda galşy ýaly, wagyz ediji geçen aýda Lukanyň Hoş Habaryndaky (3:16) bir mowzuk barada gürrüň beripdi» — diýip men nygtardym. Munuň beýle däldigini men örän oňat bilýärdim. Şeýle etmek bilen men çopanymyzyň şu gün nämäni wagyz edenliginiň ýadymdadygyny gatnaşýanlara bildirmek isleýärdim. Ýa-da: «Ol bu gün syýasatçylar barada oňat gürrüň berdi — diýip, gürrüňiň bir bölegini ýat tutup galanymdan peýdalanyp gürrüňe goşulardym. — Burgomistr gaty gaharlanar diÿip pikir edýärin». Bu tilsim gaty gowy peýda bererdi. Häzir men şol ýaşda ybadathana seýrek gidýänligimi ýatlanymda, utanjymdan gyzarýaryn. Emma men ynanjaň we ýukaýürek maşgalamyň özüm barada hiç hili müňkürlik etmändigini ýatlanymda welin, has-da gyzarýaryn. 1939-njy ýylda Germaniýanyñ hakykatdan-da birnäçe ýurtlary basyp almaga hyýallanýanyna we Gollandiýa girenine Uetstleriň hem maşgalasynyň düşünendigini bütin dünýä gördi. Biziň öýümizde bu barada seýrek gürrüň edilýärdi. Bas keseldi, lukman onuň inçekesel bilen keselländigini aýtdy. Kakam ejem bilen myhman jaýyndaky düşege geçdiler. Uzak aýlaryň dowamynda Bas olaryň kiçijik ýatak jaýynda ýatdy, ol üznüksiz üsgürýärdi. Onuň bedeni şeÿle bir gurady welin, krowatda diňe onuň derisi we süňkleri galypdy. Onuň ejir çekmesi özüni nähili duýýandygyny aýdyp bilmezlik derejesine çenli çuňlaşypdy. Bir gezek edil on bir ýaşym dolan gününi bellänimizden soň, ejem aşhanada güýmenip ýörkä, onuň otagyna baranym ýadyma düşýär. Ol ýere girmek örän berk gadagan edilipdi, sebäbi onuň keseli ýokançdy. Emma men hut şony-da isleýärdim. Eger Bas öläýse, meniňem ölesim gelýärdi. Men onuň ýatan düşegine özümi oklap, onuň dodaklaryndan ogşadym. Bas 1939-njy ÿylyň Gorkut (iýul) aýynda aradan çykdy. Men bolsam hemişekiler ýaly sagdyndym. Meniň üçin Hudaý özümi iki gezek aldan ýalydy. Iki aýdan soň, Ruhnama (sentýabr) aýynda hökümet ählumumy çagyryşy yglan etdi. Ilkinji gezek ejem öz radiosyny täzelikleriň tolkunyna düzdi. Biz radionyň sesini has batlandyrdyk, emma kakam şonda-da eşitmeýärdi. Şonda meniň kiçi uýam Geltýe kakamyň ýanynda oturyp, oňa iň wajyp habarlary gygyryp düşündirýärdi. «Ätiýaçda saklanylýan ähli bölümler işjeňleşdirildi, kaka». «Ähli hususy awtoulaglar häkimiýet tarapyndan mejbury ýagdaýda alyndy». Agşama çenli ýollarda dykynlar döredi. Bu gutarnyksyz dykynlar nemesleriň biziň çäklerimize girmezinden öň, soňky aÿlaryň häsiýetli wakalaryna öwrüldi. Gollandiýanyň ähli awtoulaglary ýola düşdüler. Günorta näçe maşyn giden bolsa, şonça maşynam demirgazyk tarapa ymtylýardy. Haýsy tarapdan çozuşyň boljakdygyny hiç kim bilmeýärdi, ýöne hemmeler başardygyça, çaltlyk bilen gitmäge çalyşýardylar. Men her gün diýen ýaly, ganar dek jalbarly, sürtülip giden köÿnekli, birmahallar Basyñ durÿan agajynyň aşagynda durardym we bolup geçýän zatlara syn ederdim. Hiç kimde biri-biri bilen gürleşmäge isleg ýokdy. Diňe jenap Uetstranyň hemmämiziň bilýän zatlarymyz barada dil ýarmaga gaýraty çatan ýalydy. Şol wagtlar meni olaryň maşgalasy näme üçin özüne çekýändigine düşünmeýärin. Ýöne men olaryň äpişgesiniň ýanyndan ýygy-ýygydan geçýärdim. «Gündiziň haýyrly, Andreý!» «Gündiziňiz haýyrly bolsun, hanym Uetstra!» «Ejeň tabşyrygy boýunça barýarmyň? Me, güýç geler ýaly şu kökejikleri iýäý.» Ol kökejikli gaby alyp äpişgäniň ýanyna getirdi. Jenap Uetstra aşhanadaky stoluň aňyrsyndan seretdi. «Bu kiçijik Andreými? Çagyryşa tomaşa etmek isleýärmiň?» «Hawa, jenap». Haýsydyr bir sebäbe görä, men kökejikleri arkamda gizledim. «Andreý, her gün agşam ýurdumyz üçin dileg et. Bize öňde kyn günler garaşýar». «Bolýar, jenap». «Biz uçarlara we tanklara garşy öz gorkymyz bilen nämeleri edip bileris?» «Hawa, jenap». «Olar bu ýerlere gelerler, Andreý. Öz polat papaklarynda, ulumsylyk we ýigrenç bilen gelerler, biz bolsa diňe dileg edip bilýäris». Jenap Uetstra äpişgäniň ýanyna geldi we onuň öňüne ýaplandy. «Sen dileg etdiňmi, Andreý? Biziň etmeli işlerimizi ýerine ýetirmäge gaýratymyzyň bolmagy we borçlarymyzy ýerine ýetirip, ahyryna çenli durmagymyz üçin dileg et. Sen muny edermiň, Andreý?» «Hawa, jenap». «Berekella». Jenap Uetstra otaga dolanyp geldi. «Bar, ejeňiň aýdan ýerine ylga». Ýöne men yzyma öwrülip köçe boýunça ugrajak bolanymda, jenap Uetstra meni ýene yzyma çagyrdy. «Öz kökejigiňi iý. Bilýärin, biziň pejimiz hakykatdan-da käwagtlar örän tüsselaýär. Ýöne, indi ol äpişgä täze aýna oturdanymdan bäri kadaly işleýär». Şol gün agşam üçekdäki düşegimde ýatyrkam, men jenap Uetstra barada pikirlendim. Diýmek, ol peç barada bilýän eken. Ýöne ol obamyzyň islendik ýaşulusynyň bolşy ýaly, kakama hiç zat aýtmandyr. Näme üçindigi örän geň. Şeýle-de, näme üçin ol meniň dileg etmegimi soranlygyny bilmek meniň üçin örän gyzyklydy. Meniň dileglerimiň peýdasy näme! Hudaý olary eşitmez. Eger, nemesler hakykatdanam gelseler, dileglere görä has düýplüräk zat ederdim. Men ýeke özümiň duşmanyň garşysyna etjek gahrymançylyklarymyň arzuwynda uka gitdim. Gurbansoltan (aprel) aýyna golaý Wittäni biziň gündogar tarapymyzdaky obalardan gelen bosgunlar doldurdylar. Gollandiýa nemes goşunlarynyň çozuşyny saklamak üçin öz ýaplaryny bombalaýardy, deňiz ýakalaryndan asyrlar boýy garyşma-garyş söweşip alan ýerlerini bilkastlaýyn suwa basdyrýardy. Biziň kiçijik öýmüzden başga ähli öýlerde, suw alan ýerlerden gelen bosgunlar ýaşaýardy, ejemiň çorba bişirýän gazany bolsa, güje-gündiziň dowamynda gaýnap durdy. Elbetde, nemesler gury ÿeriň üsti bilen gelmediler. 1940-njy ÿylyň 10-njy maýynda ilkinji uçarlar Witteniň üstünden uçup geçdiler. Biz bütin gijäni myhmanhanada topbak bolup, gyslyşyp oturyp geçirdik. Hiç kimiň ukusy tutmaýardy. Ertesi uzakly gün biziň depämizden uçarlar uçup geçdiler. Biz olaryň obamyzdan dört menzil uzaklykdaky harby aerodromy bombalap partladanlaryny eşitdik. Meniň on iki ýaşym dolup, doglan günüm gelip ýetdi. Ýöne, muňa hiç kimiň eli ýeter ýaly däldi. Soňra nemesler Rotterdamy bombalap başladylar. Hilwersumdaky radiogepleşigi alyp baryjy, ählumumy çagyryşyň başlananyndan bäri habarlary okap durşuna aglaýardy. Rotterdam ýer bilen ýegsan edildi. Bary ýogy bir sagadyň dowamynda şäher ýok edildi. Bu bir ýyldyrym çaltlygyndaky uruşdy. Ertesi Gollandiýa doly boýun egdirildi. Birnäçe günden soň Wittä polisiýa ulagynda kiçijik semiz leýtenant geldi we burgomistriň öýünde ýerleşdi. Onuň ýanynda esasy bölegi gartaşan adamlardan bolan nemes esgerleriniň topary bardy. Witte karargähiň öňdebaryjy goşunlaryny girizer ýaly, wajyp bir ilatly ýer däldi. Meniň garşylyk görkezmek hakdaky hyýallarym, birnäçe wagtlap hakykata öwrüldi. Ýarygijeden soň sagat iki bolanda, men ýygy-ýygydan, üçekdäki merdiwan bilen ýuwaşja aşak düşýärdim. Ejemiň meni eşidýänini bilýärdim, sebäbi ýanyndan geçenimde onuň birsydyrgyn dem alşynyň arasy üzülýärdi. Emma ol meni hiç wagt saklamaýardy. Ol ertesi irden az mukdarda paýlanylýan gymmatly gandymyza näme bolanlygyny soramaýardy. Leýtenantyň ulagynyň näsaz işläp başlanyna hemmeler geň galdylar. Onuň otlaýjy guraly işlemeýärdi. Onuň motoryny işletmek mümkin däldi. Käbirleri onuň ýangyç gabyndan gant tapylypdyr diýse, beýleki birleri muňa ynanmaýardy. Şäherlerde oba hojalyk etraplaryna garanda iýmitler has çalt gutardy. Öz çagalyk urşumda men bu hakykaty hem ulandym. Bir gezek urşuň birinji ýylynda yssy günleriň birinde torbamy kelemden we pomidordan dolduryp, Alkmara çenli dört menzil ýoly geçdim. Ol ýerde, dükanda uruşdan öňki gümpüldewaçlar galypdy. Men bolsa, dükanyň eýesine gök önümleriň gerekdigini bilýardim. Men başardygymça onuň bilen söwdalaşdym, netijede torbamy gümpüldewaçlardan doldurdym we üstüni güller bilen ýapdym. Men gülleri ýörite şol maksat bilen getiripdim. Dükanyň eýesi sesini çykarman, meni synlap durdy. Soňra ol birden, erjellik bilen tekjäniň aşagyna girdi-de, ullakan oýunjak bombany çykardy. «Mende başga gök önüm ÿok». «Sen gowusy komendant sagady başlanýança öÿüňize gaýt». Şol gije Wittede üçegiň pollary ýene-de jygyldady, ýene-de ejem dem alşyny gizledi. Men ýuwaşlyk bilen garaňky gijä siňip gitdim. Iki esger, garawullar köçe bilen öýmüze golaýlaşýardy. Olar her bir jaýy ýörite çyra bilen ýagtylandyrýardylar. Ýakynlaşýan aýak seslerini eşidip, men diwara ýaplandym we doňup durdym. Esgerler ýanymdan geçen badyna, öýümiz bilen ýoly birikdirýän köprüjikden çaltlyk bilen geçdim-de, esgerleriň ugrunyň garşysynda ýerleşýän burgomistriň jaýyna ylgadym. Garawul köçäniň ters tarapynda durka, men leýtenantyň jaÿynyň gapysynyň öňünde uly bombany aňsatlyk bilen ýaryp biljekdim. Ýöne men gyzyklyrak bir zady isleýärdim. Men obada iň oňat ylgaýanlaryň biridim. Garry esgerleri yzymdan ylgadyp bilsem, maňa täsin boljak ýalydy. Men olary elliden geçendir öýtmeýärdim, emma olar maňa düýbünden tapdan düşen ýaly bolup görünýärdiler. Şonuñ üçin men garawul gelÿänçä garaşdym. Olar öz karargähine ýeten badyna, men motorymy işletdim-de, gaçmak bilen boldum. «Dur!» Maňa çyrany tutdular, men tüpeňiň çakmagynyň gaýtarylanyny eşitdim. Men düýbünden tüpeň barada oýlanmandyryn. Men edil towşan ýaly egri-bugry çalasyn ylgadym. Soňra meniň goýup gaýdan oýunjak bombam partlady. Şol wagtyň özünde, partlama esgerleriň ünsüni özüne çekdi. Garaňkyda öňümden çykan birinji köprüjikden okdurylyp geçdim-de, mellege ylgap girip, kelem kelleleriniň arasynda ýüzin ýatdym. Olar nemes dilinde gödek käýinişip, meni bir sagada golaý, bizar bolýançalar gözlediler. Bu üstünlige ruhlanyp, men gümpüldewaçlary gündizem partladyp başladym. Bir gezek men gaçybatalgamdan çykan badyma esgerlere gabat geldim. Gaçmak meniň günäkärligimi tassyklardy. Emma ellerimde has ynandyryjy subutnamalar: çep elimde gümpüldewaç gysylyp duran bolsa, sagymda ötluçöp bardy. «Sen! Hany bäri gel!» Sandyrap duran elim gümpüldewajy gysyp durdy. Ony jübime dykmaga gorkdum, sebäbi olar ilkinji nobatda jübimi barlarlar. «Sen gümpüldewajy ýardyňmy?» «Gümpüldewajy? Ýok, jenap!» Gümpüldewajy we otluçöpi gysyp duran ellerim bilen hamala olaryň meni barlamagyny isleýän dek, penjegimiň synyny serpip açyp goýberdim. Esger giň jalbarymdan başlap papagyma çenli ymykly barlady. Ol ýigrenç bilen aňyrsyna öwrülende, elimde duran gümpüldewaç derden ÿaňa öl bolupdy. Wagtyň geçmegi bilen, meni bu oýunlaram irizdi. Goňşy obalarda ýesirleri hatara goýup atýardylar, öýlerini bolsa bütinleý otlaýardylar. Ol ýerde hakyky garşylyk görkezmeler ösýärdi we has giň gerim alÿardy. Nemesler bilen oýun etmegiň gülkünç däldigi aýan boldy. Bütin Gollandiýa boýunça onderduikersleriñ (asyl manysy — «suwuň aşagynda gezijiler») ýagny, gaçgaklaryň sany köpelýärdi. Olar Germaniýa mejbury işe iberilmeginden sypmak maksady bilen, basybalyjylardan gizlenip ýören ýetginjeklerdir erkek adamlardy. Uruş başlananda, Ben on alty ýaşyndady. Ol urşuň birinji aýynda Ermelo golaý fermada «gaçybatalga» tutundy. Bäş ýylyň dowamynda biz ol barada hiç zat eşitmedik. Radiosy bar adamlar täze häkimiýetiñ öňünde jenaýatkärler hasaplanylýardy. Biz ejemiň baýlygyny üçegiň aşagyndaky darajyk deşikde gizläp goýduk. Biz ol ýere öz ene dilimizde Londondan berilýän täzelikleri diňlemek üçin ýeke-ýekeden baryp durýardyk. Birnäçe wagtdan soň, Gollandiýanyň demir ýolçylary iş taşlaýyş yglan etdi. Biz ol deşige demir ýol işgärlerini eltmegi-de başardyk. Elbetde, bizde mydama ýewreýler hem bolýardy. Olar golaýymyzdan kenar ýakasyna geçende, biz olary gijelerine şol ýerde gizlärdik. Nemesleriň adam güÿçlerine islegi has artýardy, basybalyjy goşunlar Witteden gidýärdiler. Ýöne biziň kynçylyklarymyz munuň bilen gutarmady, gabawlar başlandy. Gijäniň ýa-da gündiziň islendik wagtynda obada birden ÿük ulaglary peýda bolýardy. Olar köçäniň iki tarapyny-da ýapyp, esgerleriň topary öýme-öý aýlanyp, işe ýarar ýaly erkek adamlary gözleýärdiler. Bir gezek nemesleriň nobatdaky gelen gezegi, heniz on üç ýaşym dolmanka, men diri galan adamlar we ýetginjekler bilen gaçyp gitdim. Biz ekin meýdanlaryndan egilip geçip, ýaplardan böküp, demir ýoluň aňyrsyndaky batgalyga tarap gaçdyk. Kanalyň üstünden geçýän demir ýol köprüsi örän belentdi, biziň ol ýerden görünmegimiz mümkindi. Şol sebäpli-de, biz demir ýol köprüsiniň aşagyndan geçÿän ýabyň içi bilen gitmeli bolduk. Biz bütinleý ezilipdik, sowukdan ÿaňa titreýärdik we demimiz demimize ýetmeýärdi. Urşuň ahyryna biziň hatarymyza hatda, kiçijik Kornelius we gulagy agyr kakamyz hem goşuldylar. Gabawlaryň aralygyndaky döwürde, durmuş diri galmak üçin göreşe öwrüldi. Diňe elektrik togy nemesler üçin elýeterlidi. Elektriksiz suw çykaryjylar işlemeýärdi. Ýagynyň suwy ýaplarda saklanyp, zeýläp galypdy. Biz öýlerde ýagly çyralary ulanýardyk, ýagy bolsa, kelemiň tohumyndan sykyp alýardyk. Kömür ýokdy, şonuň üçin, Wittede hemmeleriň gowy görýän wýaz agaçlaryny çapyp başladylar. Basyň aşagynda durmagy gowy görýän agajyny urşuň ikinji ýylynda çapdylar. Ýöne sowukdanam, esgerlerdenem beter esasy duşman açlykdy. Biz mydama, tükeniksiz, ejir çekdiriji açdyk. Ýygnanan hasylyň hemmesini uruş üçin alyp gidýärdiler. Kakam hemişekisi ýaly, gök önümleri ýetişdirýärdi, ýöne hasylyň köp bölegini nemesler alýardy. Birnäçe ýylyň dowamynda, alty adamdan ybarat bolan maşgalamyz iki adamyň iÿmit paýyna ýaşady. Ilki bilen biz bu iýmit paýymyzyň üstüni bagymyzdaky çigildemleriň kökleri bilen doldurýardyk. Olary kartoşka hökmünde iýerdik. Ejem özüni iýýän adam edip görkezýärdi. Gijelerine ol özüniň azajyk paýyny bize bermek üçin, bölüşdirýänini ýygy-ýygydan görýärdim. Basyň bu günleri görmän gidenligi oňa teselli berýän zatlaryň biridi. Bas hiç wagt aşgazandaky ejir beriji agyra, sowuk ojaga, daragtsyz köçelere düşünip bilmezdi. Ynha, bir gün ejem düşekden turmagyny bes etdi. Eger uruş basym gutarmasa, biz ejemiň öljekdigini bilýärdik. Ýöne 1945-nji ÿylyň baharynda nemesler gitdiler, olaryň deregine Gollandiýa kanadalylar geldiler. Adamlar begençden ýaňa aglap, köçelere çykyp durdylar. Men olaryň ýanynda ýokdum. Men bäş menzil ÿoly ylgap geçip, kanadalylaryň bolýan ýerine bardym. Ol ýerde guradylan çörekli kiçiräk haltajygy sorap aldym. Çörek! Bu edil ýaşaýyş çöregidi! Men ony öýümize «Iýmit!», «Iýmit!», «Iýmit!» — diýip gygyryp getirdim. Ejem guradylan çöregi çeýnände, Hudaýa minnetdarlyk gözýaşy, çöken ÿaňaklaryndaky çuň ýygyrtlaryň üsti bilen syrygyp gitdi. Uruş gutardy. Ikinji bap SARY SYPAL ŞLÝAPA Bir gezek 1945-nji ýylyň tomus günleriniň birinde, uruş gutarandan birnäçe aý geçenden soňra, men öýe gaýdyp geldim. Kiçijik uýam Geltýe, kakamyň meni göresiniň gelýändigini aýtdy. «Ol bagda» — diýdi. Men garaňky aşhananyň içinden geçip kelem ekilen mellege bardym, meniň gözlerim günüň söhlesine gamaşýardy. Kakamyň eli kätmenlidi, aýaklary klompenlidi we ol kelemleriň üstünde eglip howlukman erjellik bilen haşal otlary goparyp aýyrýardy. Men onuň golaýyna öň tarapyndan baryp: «Kaka, sen meni çagyrdyňmy?» — diýip, batly gygyrdym. Kakam haýallyk bilen bilini ýazdy. «Sen on ýedi ýaşyňda, Andreý». Men gürrüňiň näme barada gitjekdigine şobada düşündim. «Hawa, kaka». «Sen öz durmuşyňy nähili gurnamakçy bolýarsyň?» Kakamyň şeýle gygyryp gürleýänligi üçin, özümi oňaýsyz duýýardym. Men hem oňa jogap berenimde, sesimi gataltmaga mejbur bolýardym. «Bilemok, kaka». Häzir ol näme üçin maňa demirçi ussa bolmagyň ýaramaýandygyny sorar. Edil meniň aýdyşym ýaly hem boldy. Indi ol näme üçin meniň awtoulaglary abatlamagy öwrenmegimi taşlanym hakynda sorar. Ol bu barada hem sorady. Men tutuş Wittäniň onuň berýän soraglaryny eşidýänini bilýärdim we ony kanagatlandyrmak isläp, ozümiň soraglara gytak we iki uçly jogap berýänligimi hem eşidýänini bilýärdim. «Andreý, saňa hünär saýlap almagyň wagty geldi. Güýzde men seniň gelen kararyňa garaşýaryn». Kakam ýene-de öz kätmeni bilen aşak eglip işini dowam etdirdi. Men gürrüňiň tamamlanandygyna düşündim. Öz ykbalymy çözmegim üçin iki aý wagt galdy. Emma men näme isleýänimi bilýärdim: men adaty durmuş bilen çäklenmeýän durmuşy isleýärdim. Men başdangeçirmeleri isleýärdim. Men Witteden gitmegi, hemişe yzlaryna garamaga öwrenen adamlary terk etmegi arzuw edýärdim. Ýöne men geljegimiň şowly däldigini şeýle hem bilýärdim. Nemesler men altynjy synpda okaýarkam gelipdiler. Olar mekdebiň jaýyny basyp aldylar we şunuň bilen meniň bilimli bolup ýetişmegimiň soňuna nokat goýupdylar. Mende ýeke çykalga galypdy — bu hem öýden gaçmakdy. Şol gün men aýak ýalaňaç ýapdan ylgap geçdim we fermerleriň gatnaýan kiçijik ýodajygyndan ylgap gitdim. Bäş mil geçenimden soň, men şeýle bir gyzdym we derledim. Men hatda feýerwerk satyn alýan şäherimiň deňinden hem ylgap geçdim. Şondan soň meniň aňym durlandy we oňat pikirlenip başladym. Men obamyza alyp barýan depäniň üstüne, ozümiň jogap bermeli pursatymyň ýakynlaşýandygy baradaky duýgular bilen çykdym. Gazetlerde hemişe boýun egdirilen ýerlerde bolýan gozgalaňlar barada ýazýardylar. Ahyrsoňy men şeýle karara geldim. Ýaňy-ýakynda ýaponlardan azat bolan Gollandiýanyň Gündogar Hindistany indi Gollandiýadan garaşsyzlygy almaklyga ymtylýardy. Her gün bize bu boýun egdirilen ýerleriň — Gollandiýanyň ýeridigi, ýagny üç ýüz elli ýyl mundan oň onuňky bolandygy barada ýatladýardylar. Näme üçin biziň goşunlarymyz olary Gollandiýanyň täjine gaýdyp bermeli dälmişin? Näme üçin ýok? Şol agşam men öýdäkilere özümiň näme bilen meşgullanjakdygym barada yglan etdim. «Andi, näme?» — diýip Martýe sorady. «Men goşuna giderin». Ejem bir hili demini saklady. «Andreý!» Ol örän köp goşunlary görüpdi. «Biz indi hemişe ölüm, öldürilmek barada pikirlenip gezmeli bolarysmy?» Ýöne kakam we doganlarym bu hakynda başga pikirdediler. Indiki hepdede men kakamdan tigrini aldym we Amsterdamdaky goşuna iberilýän nokada tarap ugradym. Gijä çenli men ruhdan düşen we lapykeç ýagdayda öýe gaýdyp bardym. Goşuna diňe şu ýylda on sekiz ýaşlary dolýan on ýedi ýaşly ýetginjekleri alýan ekenler. Men bolsa diňe 1946-njy ýylyň maý aýynda on sekiz ýasaýardym! Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda men ýene-de goşuna iberilýän nokada bardym, bu gezek olar meni kabul etdiler. Örän basym men Wittede täze eşikde gezelenje çykdym, jalbarymyň kiçiräk, mundirimiň bolsa örän ullakan bolýany maňa bildirmeýärdi, umuman aýdanda meniň sypatym bir hili gelşiksiz görünýärdi. Ýöne meniň koloniýany şa aýala gaýdyp beresim gelýärdi we mundan başga-da meniň ähli ýerde ýaýran kommunistleriň we birnäçe nejis kirli rewolýusiýaçylaryň hakyndan çykasym gelýärdi. Bu iki sany söz biri-birine şeýle bir baglaşypdy. Meniň kararyma hiç hili jogap bermedik ýeke-täk adamlar — bu Uetstralardy. Men olaryň öýleriniň ýanyndan ulumsylyk bilen ýöräp geçdim. «Salam, Andi». «Ertiriňiz haýyr, jenap Uetstra». «Ejeň bilen kakaň nähili?» Eýse ol meniň egnimdäki eşigimi görmeýärmikä? Men esger kemerimdäki ildirgiçde günüň şöhleleri serpiger ýaly edip eýläme öwrüldim. Ahyr soňy men ýaryldym: «Bilýärsiňizmi, men goşun gullugyna gitdim. Men Gündogar Hindistana tarap ugraýaryn». Jenap Uetstra edil meni oňat gözden geçirmek üçin ýaly arkan gaýyşdy. «Hawa, görýärin. Şeýlelik bilen sen başdangeçirmeleriň yzyndan barýarsyň-da. Men seniň üçin dileg ederin, Andreý. Men seniň başdangeçirmeleriňiň özüňe ýaramagy üçin dileg ederin». Men oňa uly geňgalyjylyk bilen seredip durdum. Ol meniň göwnüme ýarajak başdangeçirmeler diýip nämeleri göz öňünde tutýarka? Witteden hemme taraplara uzalyp gidýän tekiz we ýürek gysdyryjy ugurlara we bu obanyň uzaga çeken düýşüne garanda, maňa islendik başdangeçirmeler ýarardy. Şeýlelik bilen men öýümizden gitdim. Men onuň bilen diňe bir fiziki tarapdan däl-de, eýsem emosional taýdan hem hoşlaşdym. Men başlangyç taýýarlyklar geçirilýän wagtynda örän başarjaňlyk bilen zähmet çekýärdim, durmuşymda ilkinji gezek özümiň göwnüme ýaraýan pişe bilen meşgullanýandygym hakyndaky duýguny başdan geçirdim. Maňa uly adam ýaly garaýyşlary şeýle bir meniň göwnüme ýaraýardy. Taýýarlyklaryň bir bölegi Gorkum diýen şäherde geçýärdi. Her dynç güni men ybadathana barýardym, men ol ýere gullugy diňlemek üçin däl-de, gulluk tamamlanandan soň nahar edinmeklik arzuwy bilen gatnaýardym. Maňa özümiň Indoneziýa ugradylmagym üçin ýörite diwersion-desantçylaryň toparyna bellenendigim barada gürrüň bermek örän ýaraýardy. «Birnäçe hepde geçenden soň, men duşman bilen ýüzbe-ýüz duraryn», — diýip, men edil teatrda oturan ýaly oturgyçda oturyp we yzyma gaýşaryp, özümuň dynç gününde çekýän çilimimi çykaryp, gürrüň berýärdim. Soňra, hojaýynlaryň ýüzüne birhili aljyraňňy görnüşde garap, men olaryň maňa hat ýazyp biljekleri barada aýtdym. Olara hemişe diňe meniň bilen ylalaşmak galýardy we men Gollandiýadan goşuna ugraýançam, ýazgy kitapçamda ýetmiş sany salgyny ýazyp aldym. Meniň habarçylarymyň biri bir gyzdy. Men oňa reformatlaryň ybadathanasyndaky gullukdan soň duşdum. Bu ozal meniň gören gyzlarymyň arasynda iň owadanydy. Ol takmynan meniň bilen ýaşytdy, örän inçejikdi, şar gara saçlydy. Ýöne iň esasy zat meni onuň mahmal ýaly bedeni geň galdyrdy. Men ak gar ýaly ten hakynda ozal okaýardym, ýöne men ömrümde ilkinji gezek beýle reňkli teni öz gözlerim bilen gördüm. Hudaýa gulluk edilýän wagty birazajyk irkilenimden soňra, men özümi naharlanmaga çagyryp biljek adamlaryň gözlegine çykdym. Elbetde, meniň hasaplamalarym bu gezek hem ýerine düşdi. Ak gar ýaly gyz gapynyň agzynda durdy. Onuň özi tanyşlyk açdy. «Men Tile», — diýip aýtdy. «Men bolsa, Andreý». «Siz biziň bilen naharlanjakmy diýip ejem soraýar». «Höwes bilen», — diýip men jogap berdim we birnäçe minutdan ybadathanadan şa gyzy bilen gol tutuşyp çykyp gitdik. Tileniň kakasy balyk satyjysydy. Olar edil öz dükanlarynyň ýokarsynda ýaşaýardylar. Gorkumda deňiz kenarýakasyna ýakynrakda ýaşaýardylar. Nahar wagty kenardan gelýän ýakymly yslar gaýnadylan kelemiň we wetçinanyň yslary bilen garyşyp gidýärdi. Nahardan soň biz maşgala myhman otagynda oturýardyk. «Andreý, çilim çekjekmi?» — diýip, Tileniň kakasy hödürlärdi. «Sag boluň, jenap». Men bir çilim aldym we Wittedäki erkek adamlaryň çekişleri ýaly, ony barmaklarym bilen aýlap başladym. Çynymy aýtsam, maňa temmäki çekmek ýaramaýardy, ýöne erkek göbeklilere degişli bolmaklyk duýgusy şeýle bir güýçlüdi welin, men hatda çilimiň deregine ýüplügi hem çekmäge we ondan lezzet almaga taýýardym. Biz içýänçäk, çilim çekýänçäk, Tile äpişgä tarap arkan oturýardy we günortanyň güneşiniň şöhleleri onuň saçlaryny adatdakysyndan hem has göksowult edip görkezýärdi. Ol hiç gürlemeýärdi, ýöne men eýýäm bu ýaş gyzyň maňa hat ýazjakdygyny we meniň ýeke täk habarçym bolmajakdygyny hem bilýärdim. 1946-njy ýylyň Sanjar (noýabr) aýynyň 22-sinde watanym bilen hoşlaşýan günümdi. Men eýýäm Tile we Gorkumdaky beýleki maşgalalar bilen hoşlaşdym. Indi men öz maşgalam bilen görüşmelidim. Eger men ejemi iň soňky gezek görýänimi bilen bolsam, men özumi urşa howlugýan esger hökmümde alyp barmazdym. Ýöne men ony nireden bileýin ahyryn, şol sebäpli hem men ejemiň gujaklamagyna kän bir üns hem bermedim. Men özümiň daş keşbimiň nähili ajaýypdygy barada oýlanýardym: meniň egnimde özüme laýyk lybas, men örän ýagşy fiziki görnüşde, saçlarym goşundaky ýaly edilip bejerilen. Men eýýäm ugrajak bolup durkam, ejem öňlüginiň aşagyndan kiçijik kitaby çykardy. Men onuň Injildigine şol bada düşündim. «Andreý, sen muny öz yanyňa alarsyňmy?» Elbetde, maňa diňe «Hawa» diýmek galypdy. «Sen ony okarsyňmy, Andreý?» Siz heý-de ejeňize «ýok» diýip gördüňizmi? Siz haýsydyr bir zady ýerine ýetirmän bilersiňiz, ýöne «ýok» diýip bilmersiňiz. Men Injili torbamyň iň düýbüne okladym we ol hakynda şolbada ýadymdan çykardym. Biziň «Sibajak» atly gämimiz Indoneziýanyň kenarlaryna edil 1946-njy ýylyň Roždestwo baýramynyň öňüsyrasy ýetdi. Meniň burnuma tropikleriň hoşboý ysy gelip urdy welin, ýüregim tolgunmakdan ýaňa çalt-çaltdan urup başlady. Ýarym ýalaňaç ýük daşaýjylar traplar boýunça howlugyp eýläk-beýläk haýdaşýardylar. Men bu täze yslardan dem alýardym, olar meniň demimi tutup barýardy. Biziň ünsümizi özlerine çekmäge synanyşýan söwdagärleriň seslerine gulak gabardýardym. Torbamy egnime atyp, ýakyp barýan günüň aşagynda zordan trap boýunça aşak düşdüm. Şol wagtlar birnäçe hepdeden şu wagt töweregimde dykylyşýan adamlary, çagalary we ýaragsyz adamlary özümiň öldurmeli boljakdygym baradaky pikir meniň kelläme hem gelmeýärdi. Birnäçe söwdagär maýmynjyklary satýardy. Maýmynjyklaryň boýunjyklarynda zynjyr bardy we olaryň köpüsi her hili oýunlary edip bilýärdiler. Meni bu kiçijik haýwanlar öz agyr, gartaşan ýüzjagazlary bilen şeýle bir özlerine çekdiler welin, men olary oňat synlamak üçin aşak egildim. «Olary elleme!» Men ýokary galdym we özüme serkerdelerimiziň biriniň ýüzlenýänini gördüm. «Olar dişleýärler, esger». Serkerde ýylgyrýardy, ýöne onuň ýüzi şol bir wagtda hem agyrdy. «Olaryň ýarysyndan gowragy guduzlama bilen kesellän». Ol aňryk ýöräp gitdi, men bolsa elimi yza çekdim. Oglanjyk amatly geleşigi amala aşyrmaga zelel ýetireni üçin serkerdäni günäkärläp, onuň yzyndan ylgady. Men ulagdan düşen esgerleriň hataryna gaýdyp bardym, ýöne öz ýanymdan özüme hökman bir maýmynjygy edinjekligim barada berk karara geldim. Biziň aramyzdakylardan diwersion-desant toparyna bellenenleri, türgenleşikleri geçmek üçin iň ýakyn adalaryň birine iberdiler. Men ylgamagy we päsgelçiliklerden böküp geçmegi gowy görýärdim: diwarlaryň üstünden geçmegi, lianalardan asylyp, derýalaryň we olaryň akymlaryndan geçmegi, yzy üzulmeýän pulemýot oklarynyň aşagyndan bagrym bilen turbalaryň we ötükleriň içinden süýşüp geçmegi gowy görýärdim. Ondan hem beter maňa eller bilen uruşmak söweşleri yaraýardy, biz onda naýzalar, pyçaklar we boş ellerimiz bilen işleýärdik. «Haý-ho!» Ýykylmak, urgy, ýene-de duşmanyň garşysyna ýyldyrym çaltlygynda açyk pyçak bilen ýykylmak. Ýöne näme üçindir meniň kelläme hiç hacan özümiň adamlary öldürmegi öwrenýänligim hakynda pikir gelmändi. Desantçyny taýýarlamaklyga özüňde ynamlylyk duýgusyny ösdürmek hem girýärdi. Ýöne bu ýerde maňa ullakan türgenleşik gerek däldi. Çagalyk döwrümden bäri, meniň öz islän zadymy etjekligime esaslanmadyk bir ynamym bardy. Bu edil Bren diýip atlandyrylýan zynjyrda ýöreýän ulag maşynyny sürmekde hem şeýledi. Hatda bu maşyny sürüp bilýänler hem bu ägirt maşyna zordan hötde gelýärdiler. Men asla maşyn sürmegi başaramokdym. Her gezek biz manýewrlara gidenimizde, men sürüjileriň maşyna erk edişlerini synlaýardym we ahyrsoňy ony nähili surmelidigine düşündim. Birden, bir gezek mende bu amaly ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredi. Ştabdan çykyp barýarkam men birden serkerde bilen pete-pet gabat geldim. «Esger, sen transportýory sürüp bilýärsiňmi?» Men çaltlyk bilen oňa salam berdim we ondan hem çalt jogap berdim: «Hawa, jenap». «Şol Berni ulagjaýa goýmaly. Ýör». Edil biziň öňümizde, aýlawda ulag maşyny durdy. Ulagjaý ondan üç ýüz ýarda golaý daşlykda ýerleşýärdi. Ol ýerde başga-da ýene ýedi sany tarnsportýor biri-biriniň gapdalynda hatara durdy. Men sürüjiniň oturgyjyna özümi okladym, serkerde bolsa meniň ýanyma geçip oturdy. Men enjamlaryň şitogyna seretdim. Meniň öňümde maşyny otlaýjy açarjyk durdy we sürüjiniň ilki bilen şu açary towlaýany meniň ýadymda galypdy. Elbetde, motory işläp başlady. Hawa, indi haýsy pedala basmalyka? Men olaryň ýene birine basdym we ol hem ýeňillik bilen aşak basyldy, men bolsa, bu sapar hem şowlulyga duşanyma düşündim. Men tizligi ýakdym, birikdiriji zynjyry goýberdim we güýçli silkinme bilen biz öňe ýoräp başladyk. Serkerde meniň ýüzüme seretdi, ýöne hiç zat diýmedi: Breni sürüjileriň hiç biri tekiz we dogry sürüp bilenokdylar. Ýöne men doly tizlikde lageriň köçesi bilen ugramda welin, serkerde iki eli bilen poruçenlere ýapyşdy we aýaklaryny pola berk diredi. Biz bu üç ýüz ýardy bir hili düşnüksizlik bilen geçdik, onuň netijesi köçeden geçip barýan seržantyň geňirgenmesiniň iň ýokary derejsini görkezmegi bilen tamamlandy, ol biziň maşynymyzyň tigirleriniň aşagyndan uçup diýen ýaly çykdy. Ynha biz beýleki transportýorlara ýakynlaşdyk. Ýöne men eýýäm özümiň betbagtçylyga uçranyma düşündim. Men tormozlaryň nirede ýerleşýänini bilemokdym ahyryn. Ellerimi we aýaklarymy titredip men maşynyň içinde gabat gelen hemme düwmelere we ryçaglara basyşdyryp başladym. Hemmesinden beteri hem men akseleratory işletdim we iň soňky silkinme bilen biz hatara duran ulag maşynlaryny kakdyk. Ýedi sany Breniň ýedisem öňe tarap süýşdi we olaryň her biri öňünde duran maşyny baryp kakdylar, biz ahyrsoňy tüssäniň we garanyň içinde saklandyk. Biziň maşynymyzyň motory doly öçdi. Men serkerdä gözümiň gyýtagy bilen seretdim. Ol edil meniň öňümde gözlerini petredip maňa seredip durdy, onuň ýuzünden der akýardy. Ol maşyndan düşdi, çokundy we gitdi, hatda men tarapa seretmedi hem. Transportýoryň ýanyna seržant ylgap geldi we meni sürüjiniň oturgyjyndan çekip düşürdi. «Esger, näme boldy? Sen näme etdiň?» «Ol menden sen maşyn sürüp bilýärsiňmi — diýip sorady. Ýöne ol menden maşyny saklap bilýänim barada bolsa soramady ahyryn!» Mümkin, meniňki çüwendir, ertesi ir bilen biz ilkinji söweş tabşyrygyna ugradyk. Bizi uruşda esgerleriň dörtden üç bölegini ýitiren kommandosa kömek hökmünde iberýärler diýip aýdýardylar. Daň atanda biz uruş tarapa uçduk. Özümiň başdangeçirmeler hakynda yalňyşanlygyma men şol wagt düşündim. Bu diňe bir ýönekeý howp däl — howpy men gowy görýärdim — bu adam öldürmeklikdi ahyryn. Indi biziň nyşanamyz diňe kagyz suratlary däl-de, edil biziň öýde goýup gaýdan kakalarymyz we doganlaymyzdy. Köplenç, biz asuda, ýönekeý adamlary atýardyk. Men nämeler edýärin? Nähili bolup men bu ýerlere düşdüm? Men öz-özümi ýigrenýärdim. Soň bir gezek şeýle bir ýagdaý boldy. Ol baradaky ýatlamalar meni bütin ömrüme yzarlap gelýär. Biz entek doly boşamadyk obanyň içinden barýardyk. Biz özümizi ynamly duýýardyk, sebäbi biz kommunistleriň obany minalamajakdyklaryna ynanýardyk, sebäbi ol ýerde olaryň adamlary bardy. Dünýäde hemme zatdan beter biz minalardan gorkýardyk. Biz olardan hemişe gorkýardyk. Bu nejis enjamlar biziň aýagymyzyň aşagyndan böküp çykyp, ýarylyp bilýärdiler. Biz ömrümiziň ahyryna çenli süýrenýän agsak bolup galyp bilýärdik. Üç hepdäniň dowamynda biz hemişe soweşlere gatnaşýardyk we biziň hemmämiziň nerwlerimiz eýýäm örän dartgynlydy. Birden obanyň ortasynda bir ýerde biz minalaryň höwürtgesiniň üstünden bardyk. Biziň toparymyz guduzlara geldi. Buýruksyz, sebäpsiz biz bir gymyldaýan zat bolsa, olara tarap ot açdyk. Biz gözümize ilen zatlaryň hemmesine tarap ok atýardyk. Biz özümize gelenimizde, obada ýekeje adam hem galmandy. Biz minalanan ýerden geçdik. Özümiz tarapdan ýer bilen ýegsan edilen obanyň üsti bilen geçdik. Bir gyrada men şeýle bir ýagdaýy gördüm, ol meni tas aklymdan azaşdyrypdy. Ýerde ganyň kölüniň içinde ýaş indoneziýaly aýal kiçijik çagajygy bilen ýatyrdy. Olaryň ikisi hem bir ok bilen öldürilipdi. Şondan soň men özümi atmaga hem taýýardym. Ýöne bilýärsiňizmi, gelejekki iki ýylyň dowamynda men goşunlarymyzyň arasynda özümiň erjelligim we göreşim üçin meşhur bolup gitdim. Men açyk sary reňkli sypal şlýapany aldym we ony hemişe söweşe öz ýanym bilen alýardym. Bu görkeziş hem-de çagyryşdy. «Ynha men! — diýip meniň şlýapam gygyrýardy. — Maňa tarap atyň!» diýýän ýalydy. Wagt geçdigiçe meniň töweregime edil meniň özüm ýaly geleňsiz oglanlar ýygnandylar we biz bilelikde çagyryşy pikirlenip tapdyk, ol ähli düpelgede bellidi: «Paýhasly bol — akylsyz bol!» Iki ýylyň dowamynda, söweş meýdanynda bolsun, ýa-da düşelgede dynç alyşda bolsun, biziň edýän pişelerimiz çäkden çykýardy. Eger biz uruşsak, onda biz edil akmaklar ýaly uruşýardyk. Eger içsek, edil özümizden gidýänçäk içýärdik. Biz bilelikde bardan bara barýardyk we dükanlaryň tekjelerini boş çüýşeler bilen döwýärdik. Haçan men bu duýgulardan oýananymda, men hiç zada düsünip bilemokdym, özümiň bulary näme üçin edýändigimi bilemokdym. Bir gezek meniň kelläme bir pikir geldi, goşun kapellanynyň maňa kömek berip biljekdigi baradaky pikir. Men ony serkerdeleriň barýan barynda tapyp bolýandygyny eşitdim, ýöne men ony tapanymda, ol edil beýlekiler ýaly serhoşdy we köp samraýardy. Ol meniň ýanyma çykdy, ýöne meniň näme maksat bilen gelenimi eşidende bolsa, ol güldi we meniň özümiň hötde gelip biljekdigim barada aýtdy. «Ýöne eger sen isleseň, söweşe ugramazyňdan öň gulluga gel, — diýip kapellan aýtdy, şonda sen ölüme mynasyp däl adamlary öldürersiň». Ol örän gülküňç degişmäni aýdandyryn diýip düşündi. Ony beýlekilere aýtmak üçin bara dolanyp bardy. Şonda men öz habarçylaryma ýüzlendim. Men hat ýazmaga söz beren adamlarymyň hemmesi bilen hat alyşýardym. Indi öz şübheli pikirlerim barada olaryň birnäçesi bilen pikir alyşdym. Olaryň hemmesi hem maňa şol bir jogaby berýärdiler: «Sen öz ýurduň üçin söweşýärsiň, Andreý. Şol sebäpden hem galan zatlaryň ähmiýeti ýok». Diňe bir adam bu hakynda köp zatlary aýtdy. Bu Tiledi. Ol maňa meniň günäm barada ýazdy. Bu sözler meni örän tolgundyrdy. Ýöne ol soň günä geçilişi barada ýazypdyr. Bu ýerde men oňa düşündim. Günäli duýgusy meni edil zynjyr ýaly gurşap aldy we meniň hemme meşgullanýan zatlarym — içmegim, uruşmagym, hatlary ýazmagym ya-da olary okanym, — meni ol duýgudan boşadyp bilenokdylar. Bir gezek men rugsat sagatlarynda Jakartadakam, özüm bazarda uzyn agaja daňylgy kiçijik gibbony gördüm. Ol iň ýokarda otyrdy we haýsydyr bir miwäni iýýärdi we men onuň ýanyndan geçip barýarkam, ol meniň egnime bökdi. Maňa apelsiniň bir bölegini berdi. Men güldüm we meniň ýanyma satyjy — indoneziýalynyň ylgap gelmegi üçin ýeterlik boldy. «Jenap, siz meniň maýmynjygymyň göwnüne ýaradyňyz». Men ýene-de güldüm. Gibbon iki gezek maňa gözüni gyrpdy, soňra bolsa, maňa dişlerini görkezdi, mümkin bu onuň ýylgyrmagyny aňladýandyr. «Näçe?» Seýdip men ony satyn aldym. Men özüm bilen ony ýatak jaýa getirdim. Ilki bilen hemme oglanlar muňa begendiler. «Ol dişleýärmi?» «Ol diňe bezzatlary dişleýär», — diýip men jogap berdim. Bu hiç bir many aňlatmaýan, akylsyz bellikdi. Men bu sözleri aýdan badyma, maýmyn meniň elimden sypdy, pürse ýapyşyp, bökdi — näme üçin şol tarapa — düşnüksizdi — edil güýçli urlan oglanyň kellesine, ol geň göräýmeli köplenç poker oýanýardy. Ol bökdi we kellesinden maýmyny aýyrmak üçin ellerini galgadyp başlady. Ýatak jaydakylaryň hemmesi gülüşdiler. «Aýyr ony menden, — diýip, Ýan Zwart gygyrdy, — aýyr ony!» Men elimi uzatdym we maýmynjyk meniň ýanyma ylgap geldi. Ýan saçlaryny sypady, köýnegini düzetdi; onuň gözlerinde gaharly yşyk ýandy. «Men ony öldürerin», — diýip, ýuwaşlyk bilen ol aýtdy. Şeýlelik bilen şol gün men bir dosty tapyndym, birini bolsa ýitirdim. Biraz wagt geçenden soň, men maýmynyň garnynyň agyrýanyny bildim. Bir gezek, men ony elimde göterip barýarkam, men onuň biliniň ýanynda bir gaty zadyň barlygyny duýdum. Men ony krowadyň üstünde ýatyrdym we gymyldaman ýatmagy buýurdym. Men örän seresaplyk bilen onuň tüýlerinde gaty zady tapýançam gözledim. Görnüşi ýaly, maýmynjyk kiçijik wagty kimdir biri onuň biline ýüpüň bir bölegini daňypdyr we ony aýyrmandyr. Maýmyn ulalypdyr, ýüp bolsa onuň bedenine ýapyşypdyr. Mümkin ol oňa örän agyryly bolandyr. Edil şol agşam men ony operasiýa etdim. Men sakgal syrylýan enjamy aldym we onuň biliniň töweregindäki tüýlerini, giňligi üç dýuýma golaý syryp aýýrdym. Syrylan ýeri gyzyldy we gorkunçdy. Ýatak jaýdaky oglanlar maňa seredip durdular, men bolsa seresaplyk bilen haýwanyň tenini kesýärdim, ahyr soňy ýüplüge ýetdim. Maýmynjyk, geň göräýmeli, ýuwaş ýatyrdy. Hatda oňa agyryly bolanda hem, ol maňa edil: «Men hemme zada düşünýärin» diýesi gelýän ýalydy. Men ahyr ol ýüplügi çykardym. Ol şol bada ýerinden turdy, togalandy, meniň egnimde böküp başlady, ýatak jaýdaky hemme oglanlaryň begenmeginde, diňe — Ýandan başgasynyň, saçlaryndan çekýärdi. Bu hadysadan soň biz gibbon bilen aýrylmaz dostlaşdyk. Men oňa şeýle bir berk öwrenişipdim, edil ol hem maňa şeýle öwrenişdi diýip pikirlenýärdim. Men şeýle pikir edýärin, ýagny oňa daňylan ýüplükde, men özümiň günäkärlik duýgymy görýärdim, ol hem meni edil şonuňky ýaly baglap durdy, ony boşadanymda bolsa, men nämä ymtylýandygymy gördüm. Eger men gündiz işli bolmasam, ony tokaý boýunça uzak wagtlaýyn ylgawa öz ýanyma alardym. Ol meniň yzymda tä ýadaýança bökjekläp ylgaýardy. Soňra ol böküp meniň öňüme geçerdi, bökjekläp meniň jalbaryma ýapyşardy, tä men ony elime alýançam we egnime oturdýançam sallanyp durardy. Biz bile on — on bäş mili ylgap geçýärdik, tä men ýykylyp uklap galýançam. Tokaýda hemişe diýen ýaly maýmynlar bolýardylar. Meniň kiçijik gibbonym agaçlaryň depesine çykardy, ol agaçlardan sallanyp durardy we özüniňkiler bilen gürleşerdi. Bu ýagdaý birinji gezek bolup geçende, men ony ýitirdim diýip gorkupdym. Ýöne men lagere gaýdyp barmak üçin ýerimden turanymda, ýokardan bir ýerden ýiti we gulagyňy deşip barýan bir ses geldi, ýapraklaryň gymyldaýan sesini eşitdim we gibbon agyr ýük ýaly bolup, meniň egnime özüni oklady. Bir gezek men şadyýan we begençli ýatak jaýyna gelenimde, maňa öýümizden gelen hat garaşýardy. Doganym Ben pata hakynda doly düşündirip ýazypdyr. Gürrüňiň ejem hakynda gidýänine men örän kyn we şol bada düşünmedim hem. Görnüşi ýaly, olar maňa telegramma iberendirler, ýöne men ony almadym. Men häzir aglajagymy duýdum. Men maýmyna suw berdim we ol suwy içyänçä, düşelgeden çykyp gitdim. Meniň hatda gibbony hem göresim gelenokdy. Men tä gapdalymda agyry peýda bolýança durman ylgadym, ylgadym we men ejemsiz özümiň ýalňyz galanymy duýdum. Edil şol hepdede Ýan Zwart meniň gibbonymdan aryny aldy. Bir gezek men agşam nobatçylykdan gaýdyp gelenimde meni täzelik bilen garşyladylar: «Andreý, seniň maýmynjygyň öli». «Öli? — men bu barada aýdýana garadym. — Näme boldy?» «Oglanlaryň biri onuň guýrugyndan tutdy we ony diwara urdy». «Zwartmy?» Oglan hiç hili jogap bermedi. «Hany maýmyn?» «Köçede. Agaçlaryň aşagynda». Men ony ýerde, şahalaryň aşagynda tapdym. Hemmesinden erbedi, ol entek diridi. Men ony galdyrdym we ýatak jaýa alyp geldim. Onuň eňegi döwükdi. Onuň bokurdagynda ullakan deşik bardy. Men oňa suw berjek bolanymda, suw onuň bokurdagyndaky deşikden akyp gitdi. Ýan Zwart maňa seresaplyk bilen seredýärdi we uruşmaga taýýarlanyardy. Ýöne men uruşmadym. Soňky günlerde meniň başymdan inen ejir meniň hemme duýgularymyň üstünden basypdy. Soňky on günüň dowamynda men maýmyna gije-gündiz ideg etdim. Men onuň bokurdagyny tikdim we ony süýji suwa ýakýardym. Men onuň kiçijik muskullaryny owkalaýardym. Tüýüni sypalaýardym. Ony gyzdyrýardym we hemişe onuň bilen gürleşýärdim. Bu meniň gözlerden azat eden zadymdy we men ony göreşsiz goýberesim gelmeýärdi. Haýallyk bilen, örän hayallyk bilen gibbon iýip başlady, soňra ýuwaşjadan krowadyň üstünde emedekläp başlady. Soňra ol oturyp bilýärdi we eger men ony wagtynda naharlamasam, ol gaharlanardy. Ikinji aýyň ahyryna ol ýene-de meniň bilen tokaýda ylgaýardy. Ýöne ol adama bolan ynamyny hemişelik ýitirdi. Adamlaryň ýanynda ol diňe hemme dört sany aýalary we guýrugy bilen meniň elimi gujaklap alandan, kellesini bolsa meniň döşümde gizläninden soň titremegini goýardy. Haçan-da bize täze çozuşa taýýarlanmak hakynda aýdanlarynda, men sürüjilerden kimiň maşyny tölegine alyp we meni gibbon bilen jeňňelleriň iň daş ýerine äkidip biljekdigi barada soradym. «Men ony goýberjek we çalt ol ýerden gaýtjak, — diýip düşündirdim. — Bizi kim äkidip biler?» «Men äkiderin». Men seretdim. Bu Ýan Zwartdy. Men oňa uzak seredip durdum, ýöne ol hatda gözlerini hem gyrpmady. «Bolýar». Biz ýolda barýarkak, men maýmynjyga näme sebäpden ony öz ýanymda saklap bilmejekdigimi düşündirdim. Biz ahyr saklandyk. Men gibbony ýerde goýanymda, onuň kiçijik paýhasly gözleri maňa düşünmeklik bilen seredýärdiler. Hatda ol jipe — yzyna bökjek hem bolmady. Biz yzymyza ugranymyzda, ol tä biz onuň gözlerinden ýitýänçäk, şol oturan ýerinde biziň yzymyzdan garap galdy. Ertesi daňdan, 1949-njy ýylyň baýdak (fewral) aýynyň 12-si biziň toparymyz ýola düşdi. Meniň kiçijik gibbony goýberenim gowy bolupdyr, sebäbi maňa gaýdyp ol düşelgä yzyma barmak nesip etmedi. Ýene-de men edil ozalkylar yaly görnesim geldi. Men sary sypal şlýapamy täzeden geýdim. Men gygyrýardym, sögünýärdim, öz toparym bilen gün-günden öňe tarap ýöreýärdik, ýöne meniň göwnüme şowlulyk menden ýüz öwren ýalydy. Bir gezek ir bilen meniň aýagyma ok degdi we meni boşatdylar. Bu şeýle bir çalt bolup geçdi — ilki bilen ol hiç hili agyrysyz boldy. Hatda men munuň bolup geçenine düşünmedim hem. Biz gizlinlikde otyrdyk. Bizi üç tarapdan özümizden has güýçlüräk garşydaşymyz gabap alypdy. Näme üçin okuň şlyapama däl-de, aýagyma girenini men bilmedim, ýöne men ylgap barýarkam ýykyldym. Men büdremedigimi bilýärdim, ýöne yerimden turup bilmedim. Soňra men aýakgabymda iki sany deşigi gördüm. Iki deşikden hem gan akýardy. «Men ýaralandym», — diýip, men çagyrdym, hiç hili tolgunamokdym. Bu hakykatdy we men onuň şeýledigini tassykladym. Meniň dostum meni oklardan daşraga — çukura süýräp saldy. Ahyrsoňy sanitarlar geldiler. Olar meni zemmere ýatyrdylar we ýere aşak eglip goterip äkitdiler. Meniň kellämde edil öňküler ýaly şlýapam bardy, hatda ol ody özüne çekse-de, men ony çykarmakdan düýbünden boýun gaçyrýardym. Bir ok onuň eteginden geçipdi, kelläme degmäge az galypdy. Ýöne meniň üçin parhy ýokdy. Birnäçe sagat geçenden soň, meni meýdandaky hassahanada operasiýa edilýän stoluň üstüne ýatyrdylar. Operasiýa iki ýarym sagat dowam etdi. Men lukmanlaryň aýagymy kesip aýyrmalymy ýa-da ýok diýen mesele barada gürrüňlerini eşidýärdim. Şepagat uýasy meniň şlýapamy çykarmagymy haýyş etdi, ýöne men çykarmadym. «Siz eýse munuň nämedigini bileňizokmy? — diýip, hirurg şepagat uýasyndan sorady. — Bu olaryň bölüminiň nyşany. Bu şol paýhasly bolmagy maksat edinip, akylsyz bolan oglanlaryň biri ahyryn». Ýöne men aklymy ýitirmedim. Bu iň soňky degişmedi we iň soňky şowsuzlykdy. Hatda men gahrymanlarça wepat bolup hem bilmedim. Men diňe aýagymdaky oky aldym. Näme üçindir ozümiň gyzmalyk bilen öz-ozümi ýok edenimde, men hiç hacan beýle mümkinçilik hakynda pikirlenmändirin. Men hemişe islendik şowsuzlyga ýigrenç bilen garaýardym. Ýöne maýyp bolup ýaşamak — mundan erbet zat bolup bilmez ahyryn! Meniň başdangeçirmelerim gutardy. Men ýaňy ýigrimi ýaşymdadym we men dünýäde başdangeçirmelere ornuň ýoklugyna düşündim. Üçünji bap BOŞ KOKOSDAKY DAŞJAGAZ Men hassahanada ýatyrdym. Meniň sag aýagymy şeýle bir gipslediler welin, men ony zordan gymyldadyp bilýärdim. Ilkibaşda meniň ýanyma topardaky oglanlar gelip-gidýärdiler. Ýöne soňra olaryň birnäçesi wepat boldular, başgalary bolsa ýaralandylar. Ýöne näme-de bolsa durmuş dowam edýärdi. Lukmanlar meniň indi gaýdyp hiç haçan hasasyz ýöräp bilmejekdigim barada aýtdylar. Bu hakda pikir etmezlik gowy bolardy. Az wagtdan dostlarym meniň ýanyma gelmesini goýdular. Ýöne meniň durmuşymdan ýitip gitmezden ozal, olar meniň durmuşymy dolulygyna üýtgeden iki sany wajyp zady etdiler. Birinjiden, olar meniň ibermek barada pikirlenmeýän hatymy iberipdirler. Ony Tileniň salgysyna iberipdirler. Soňky wagtlarda mende bir hili geň endik ýüze çykdy. Her gezek men söweşden ýa-da şäherdäki gijeki ýörişlerden gaýdyp gelenimden soňra, özümi şeýle hapa kimin duýanymda, men alardym-da, Tile hat ýazardym. Men kagyzyň ýüzüne özümiň ýek görýän we edýän ähli nejis zatlarym, ähli ýigrenji zatlarym hakynda ýazardym. Men bu zatlar hakynda başga hiç kime içimi döküp bilmezdim. Soňra men ol hatlary ýakýardym. Men edil iň soňky sapar söweşe gitmegimiziň öň ýany Tile şeýle haty ýazyp başlapdym. Ol ýatak jaýda, meniň torbamda gutarylman galypdy. Ýaralananymdan soň, ýoldaşlarymyň biri meniň eşiklerimi tabşyrjak bolup durka, torbamy gözden geçiripdir. Ol jogapkär adam bolansoň, meniň ýazgylar depderçämden Tileniň salgysyny tapypdyr we onuň salgysyna haty iberipdir. Ol örän gowy edendirin diýip pikir edipdir. «Seniň edäýeniňi! — diýip, ol hassahanada meni görmäge gelende aýtdy. — Hiç haçan men şeýle köp salgyly depderçäni görmändim! Sen näme Gollandiýadaky gowja gyzlary bolan her bir maşgala hat yazyarsyňmy? Men Tileniň salgysyny ýarym sagatlap gözledim. Sen seresap bol, bu, belki-de, ýene bir urşuň başlangyjy bolaýmasyn». Meniň ýüzümde şeýle bir elhenç görnüşi görüp, ol birden oturan oturgyjyndan böküp turdy. «Diňle, Andi, men şu çaka çenli saňa agyrynyň azar berýänini bilmändirin. Men bolsa oturan ýerimden samsyk degişmeleri aýdyp otyryn. Men seniň yanyňa oňatlaşanyňdan soň ýene gelerin». Birnäçe günläp men ol hatda näme ýazandygymy ýadyma saljak bolup dyrjaşdym. Meniň ýadyma düşüşiçe, ol hatda takmynan şular ýazylan bolmaly: Ezizim Tile. Men şu gün şeýle bir ýalňyz. Men seniň ýanymda bolmagyňy şeyle bir isleýärin. Men seniň gözleriňe seredip bilerdim we hemme zady aýdardym. Men heniz hem seniň halaýanyňy we hiç bolmanda seniň meni günäkärlemeýändigiňi bilerdim. Sen bir gezek maňa dileg etmeklik barada ýazypdyň. Ýöne men dileg edemok. Tersine, men iň hapa sözleri aýdyp sögünýän. Men indi seniň Gollandiýada eşitmedik sözleriňi bilýärin. Men erbet degişmeleri aýdýaryn. Men oglanlary näçe çalt güldürdigimçe, şonça-da özümi erbet duýýardym. Men düýbünden seniň pikir edýän adamyň däl. Bu uruş ozallar meni tolgundyrýardy. Indi bolsa ýok. Haçan men adamlaryň jesedini görenimde, diňe eginlerimi gysyp oňaýýaryn. Biz esgerleri öldüremzok, biz asuda adamlary — erkek adamlary, aýallary we çagalary gyrýarys. Meniň Hudaýa ymtylmam ýok. Meniň dileg edesim gelenok. Ybadathana barmagyň deregine men bara barýaryn we ozümi ýitirýänçäm içýärin. Olar has köpdüler. Has köpdüler we erbetdiler. Men gospitalyň otagynda ýatyrdym we Tile serhoş yagdaýymda nämeleri ýazanym barada ýadyma saljak bolup synanyşýardym. Aý näme, Tile meniň hoşlaşmaly dostlarymyň ýene biri bolarda. Ýöne hemmesinden beter, Tile meniň diňe bir ýönekeý dostum däldi. Ol meniň iň oňat dostumdy we men onuň maňa dostdan hem uly bir zat bolmagyny isleyärdim. Tileniň meniň hatymy nähili okaýanyny göz öňüme getirjek bolup, inçejik krowadymda eýläk-beýläk towlanýardym. Men elimi emelsizlik bilen gapdalyma uzadanymda, meniň elim kitaba degip gitdi. Bu bolsa oglanlaryň meniň üçin eden ikinji işidi. Olar meniň ejemiň sowgat beren köneje Injilini tapypdyrlar. Ony Ýan Zwart getirdi we gitjek bolanda ony krowadymyň ýanyndaky tumboçkanyň üstüne goýdy. Ol: «Bu kitap seniň zatlaryň arasynda duran eken, — diýdi, — men ol saňa gerek bolar diýip oýlandym». Men oňa minnetdarlyk bildirdim, ýöne ony elime almadym. Eger monah gyzlar bolmadyk bolsalar, meniň ony haçan hem bolsa okamaga islegimiň boljakdygyna güman edýärdim. Meniň yatan gospitalymda fransuz ybadathanasyndan gelen gyzlar işleýärdiler. Basym men olaryň barysyny söýdüm. Olar daň atandan ýary gijä çenli işleýärdiler — otaglary, nejesatlar üçin gaplary, ýaralary ýuwardylar, biziň üçin hat ýazýardylar, gülüşýärdiler we aýdym aýdýardylar. Men olaryň bir zatlar barada arz edýänlerini hiç haçan eşitmeýärdim. Men bir gezek özümi ýuwundyrmaga gelen monah gyzdan, onuň we beýleki şepagat uýalarynyň hemişe şadyýan bolmaklaryna nämäniň kömek berýäni hakynda soradym. «Andreý, seniň yaly gollandiýaly şeýle oňat oglan öz soragynyň jogabyny bilmeli. Bu Isa bolan söýgüdir». Ol bu barada aýdanda, onuň gözleri şeýle bir ýandy welin, men hiç bir soragsyz, onuň aýdýan sözleriniň içinde hemme jogabyň jemlenýänine düşündim. Ol bütin agşamyň dowamynda gürrüňleşip bilerdi we ondan başga hiç hili gowy zady aýtmazdy. «Ýöne seniň meniň gaharymy getiresiň gelýär, şeýle dälmi? — diýip ol dowam etdirdi we meniň tumboçkamyň üstünde duran köneje Injilimi barmagy bilen kakdy. — Sen muňa jogaby edil şundan hem tapardyň». Indi meniň elim tötänleýin kitaba degende, men ony elime aldym. Iki ýarym ýylyň dowamymda, ol şonça wagtlap mende duran bolsa hem, men onuň gatyny bir gezek hem açmandym. Ýöne men şepagat uýalary hakynda ýatladym, olaryň çäksiz şadyýanlyklary we arkaýynlyklary barada: «Sen muňa jogaby edil şundan hem tapardyň...» diýenini ýatladym. Men ornaşykly oturdym we kitaby sahypalap başladym, ahyryndan başyna çenli, tä Gelip Çykyş Kitabyndaky birinji aýata çenli agtaryp çykdym. Men dünýäniň döredilişi we günä iş edilişi baradaky taryhy okadym. Bize ozal bu barada mugallym günde bir bapdan okap bererdi, şol wagtlar biziň kellämizde diňe köçedäki ýaplar bardy we olarda suwa düşmeklik şeýle ýakymlydy. Şol sebäpli maňa ol asla gyzykly däldi, indi ol maňa hakykata meňzeş däl bolup görünmedi. Men bütin bölekleri taşlap okaýardym, sebäbi men onuň ahyryna ýetesim gelýärdi. Ahyrsoňy men Täze Ähte çenli ýetdim. Gol çekmekden ýaňa doldurylan we gipsde ýatan ýerimde, men Injili doly okadym, olaryň manysyna doly düşünmeýärdim. Bularyň hemmesi dogrumyka? Haçan men Ýahýanyň Hoş Habarynyň ortasyna ýetenimde, maňa hat getirip berdiler. Hatyň yazylyşy maňa tanyşdy, bu Tiledendi! Titreýän ellerim bilen men bukjany açdym. «Gadyrly Andreý!» Men «gadyrly» Andreý! — diýen sözleri ýene bir gezek okadym. Men öz ibermedik hatlarymda köplenç oňa şu söz bilen ýüzlenýärdim. «Gadyrly Andreý! Meniň öňümde öz ýüregi daşa öwrüldi diýip pikir edýän oglanyň ýazan haty ýatyr. Ýöne onuň ýüregi agyrydan bölnüp barýar we men onuň bu agyryny meniň bilen paýlaşanyna guwanýaryn». Soňra meniň Injilden okamaly goşgularymyň sanawy ýazylypdyr. Tile Injildäki Hudaýyň söygüsiniň akymlarynda ýürekleri ýaralanan adamlaryň bu kitapdan düşünmekligi we rahatlanmagy tapyp biljekleri barada ýazýardy. Biz ýeriň garşylykly taraplarynda Injili bile okan wagtymyzda ajaýyp hepdeler biri-biriniň yzyndan geçýärdiler. Men sahypa yzyndan sahypany soraglardan doldurýardym, Tile bolsa, öz çopanynyň ýanyna, kitaphana ýa-da öz ýüreginiň çuňlugynda, olara jogap tapmak üçin barýardy. Wagt geçýärdi. Menden gipsi aýryp başladylar. Men özümiň çürşüp giden aýagyma seretdim we ozallar nähili şatlyk bilen ylganlygymy ýadyma saldym. Indi gaýdyp muny başdan geçirip bilmejekdigime düşündim. Meniň ýuregimde ajy öýke duýgusy orun tutdy, ol duýgy Tileniň aýdýan zatlaryna we fransuz monah gyzlarynyň aýdanlaryna bütinleý garşy gelýärdi. Men aýak üstüne galan badyma, her gün agşamlyk hassahanadan çykyp gidýärdim we agsaklap zordan iň yakyn bara çenli barardym, özümi ýitirýänçäm içerdim. Monah gyzlar hiç haçan meniň bilen bu hakda gürleşmeýärdiler. Ýöne meniň gospitaldan çykyp öýe ugramaly günüm meniň halaýan monah gyzym, Patrisiýa atly şepagat uýasy meniň ýanyma oturgyjy süýşürip oturdy-da, şeýle sorag berdi: «Andi, meniň saňa bir waka barada aýdyp bermegimi isleýärsiňmi? Sen ýerli ýaşaýjylaryň tokaýda maýmynlary tutýanyny bilýärsiňmi?» Maýmynlar barada wakany eşitjegim barada pikirlenenimde, meniň ýüzüm ýagtylyp gitdi. «Bilemok. Aýdyp ber». «Onda diňle. Görýäňmi, ýerli ýaşaýjylar maýmynyň hatda ol zat onuň erkinligini ýitirjekdigini aňlatsa-da, hiç haçan we hiç bir zady elinden sypdyrmaýanyny bilýärler. Şol sebäpli hem olar şeýle edýärler. Olar kokosy alýarlar we onuň bir tarapynda ol deşige maýmyn elini sokar ýaly ulurak deşik deşýärler. Soňra olar kokosyň içine daşjagaz atýarlar we agaçlaryň aşagynda tor bilen garaşyp durýarlar. Biraz wagtdan soň ol kokosyň ýanyna haýsydyr bir bilesigeliji maýmyn barýar. Ol boş kokosy galdyrýar we ony silkeläp başlaýar. Ol onuň içine seredýär, soňra öz elini kokosyň içine sokýar, onuň içinde eline daşjagaz degýär, ol ony elinde gysyp saklaýar. Ýöne ol elini kokosdan çykarjak bolanda welin, onuň eli ondan çykmaýar, ýöne şonda-da ol barmaklaryny açyp daşy taşlamak islemeýär. Sen bilýärsiňmi Andi, onuň üçin ol iň beýik baýlyk bolup görünýär. Maýmyn hiç haçan öz elinden ony sypdyrmaz. Älemde özüni şeýle görnüşde alyp barýan beýle samsyjagy tapmak iň ýeňil zat bolsa gerek». Şepagat uýasy Patrisiýa ýerinden turdy we oturgyjy stoluň ýanynda goýdy. Ol bir minut töweregi dymyp durdy, soňra edil meniň gözlerime seretdi. «Andreý, sen nämä daýanýarsyň? Saňa erkinligi edinmäge näme päsgel berýär?» — ol şeýle diýdi-de, gitdi. Men onuň aýtjak bolan zadyna örän oňat düşündim. Ýöne men bu wagyz meniň üçin däl diýip hasap edýärdim. Ertesi iki sany sebäbe görä wajyp gün boldy: meniň ýigrimi bir ýaşym doldy we hassahananyň gämisi meniň bilen öýe — Gollandiýa tarap ugrady. Bu iki sany wakany bellemek üçin, meniň bilen üç ýyl mundan ozal Indoneziýa gelen ýöräp we hereket edip bilýänleriň ählisini öz ýanyma çagyrdym. Biz sekiz adamdyk. Biz wagtymyzy şeýle oňat geçirdik. Biz gygyryşýardyk, bezzatçylyk edýärdik we aklymyzy ýitirýänçäk içýärdik. Dördünji bap HARASATLY GIJE Geltýe «Andreý!» diýip gygyrdy-da, kiçijik köprüjigiň üstünden ylgap geçdi we meniň boýnumdan asyldy. Soňra yzyna öwrülip: «Martýe! Bar kakamy tap! Oňa Andreýiň gaýdyp gelendigini aýt!» — diýip gygyrdy. Bir minut geçenden soň, biziň bagymyz adamdan doldy. Martýe kakasyny gözlemäge gitmezden ozal, meni ogşamak üçin ýanyma ylgap geldi. Şu ýerde Ben we onuň gelinligi bardy. Maňa olaryň toýa meniň hem gatnaşmagym üçin toýlaryny gaýdyp gelýänçäm yza süýşürendikleri barada habar berdiler. Geltýeniň adamsy Ari hem bize goşuldy. Meniň kiçi doganym Kornelius meniň elimi berk gysdy. Ol meniň hasamdan gözlerini aýryp bilmän seredip durdy. Onuň meniň nähili agyr ýaralanandygym hakynda oýlanýandygyna düşündim. Gujaklaşmalaryň iň gyzykly pursatynda kakam öýden çykdy, ol hem birneme agsaýardy. Onuň goýun gözleri gözýäşdan ýaňa ýaşaryp durdy. «Andreý, oguljygym! Nähili oňat! Seniň öýe gaýdyp gelmegiň, nähili oňat!» — diýip, kakam şol önküleri ýaly gaty ses bilen aýtdy. Ilkinji salamlaşma tamamlanandan soň, Martýe maňa: «Haçan isleseň, men seni ejemiň guburyna äkideýin» — diýdi. Men hut şu wagt gidesimiň gelýänini aýtdym. Gonamçylyk biziň öýümizden bary-ýogy elli ýard uzaklykda ýerleşýärdi, emma bu aralygy geçmek üçin men kakamdan tigrini aldym. Men onuň oturgyjynyň üstünden ýaraly aýagymy geçirdim we ýoluň ýarysyny pyýada, ýarysyny bolsa tigirde geçdim. «Hakykatdan hem hemme zat şeýle erbetmi?» — diýip, Martýe sorady. «Lukmanlar men hiç haçan ýöräp bilmezmikäm diýip gorkdular». Ejemiň guburynyň ýeri entek çökmän hem eken. Ýere berkidilen kiçijik gyzyl reňkli güldanda täze güller goýlupdyr. Ep-esli wagt geçenden soň biz Martýe ikimiz gürleşmän öýmüze tarap ugradyk. Edil şol agşam, garaňky gatyşanda, men aýlanyp gelmäge synanyşjakdygymy aýtdym. Hiç kim meniň bilen bile gitmegi teklip etmedi, sebäbi hemmeler meniň nirä barmak isleýänimi bilýärdiler. Men ýene-de tigri aldym we kynlyk bilen köçeden sürüp ugradym. Gonamçylyk aýyň ýagtysyna agaryp görünýärdi. Men ýeňillik bilen gubury tapdym. Men ýerde oturdym we ejeme iň soňky sözlerimi aýtdym. «Eje, men gaýdyp geldim». Meniň göwnüme hakykatdan hem onuň bilen gürleşýän ýaly duýuldy. «Eje, men seniň Injiliňi okadym. Şobada däl, ýöne okadym». Men uzak wagt dymyp durdym. «Eje, men indi näme etmeli? Men agyrydan ýaňa säginmän ýüz ýardy hem yöräp geçip bilmeýärin. Sen bilýänsiň, men demirçilik işini hiç wagtam halamaýardym. Hassahanada dikeldiş merkezi bar, ýöne ol ýerde men näme öwrenip bilerin? Men özümi şeýle-de hiç kime gerek däl kimin duýýaryn, eje, hem günäkar duýýaryn. Men ol ýerde alyp baran durmuşym üçin özümi günäkär duýýaryn. Maňa jogap ber, eje». Ýöne jogap bolmady. Aýyň iniňi tikenekledýän şuglasy meniň üstüme, guburyň üstüne we hemmeleriň: hemme ölüleriň we ýarymölüleriň üştüne dökülip durdy. Ýarym sagat oturyp, geçenleri ýatlamaga synanyşdym. Soňra men öýe tarap ugradym. Geltýe aşhana stolunyň başynda oturyp tikin tikýärdi. «Biz seni nirede ýatyrmak barada gürleşdik, Andreý, — diýip, ol kellesini galdyrman aýtdy. Sen nähili pikir edýärsiň, sen merdiwan bilen ýokaryk galyp bilersiňmi?» Men kellämiň ýokarsyndaky petikdäki deşige seretdim; soňra zordan merdiwany aldym. Bir gezekde men bir basgançak galdym, ilki bilen sag aýagymy goýdum, soňra bolsa agyryly aýagymy çekdim. Güýçli agyrydan ýaňa meniň maňlaýymda der peýda boldy, ýöne men hiç kim görmez ýaly kellämi beýläk öwürdim. Maňa köneje ýorgan-düşegim garaşýardy, düşek daşlyklary garaňkyda agaryp meni özüne çekýärdi. Men aglamajak bolup, petige seredip köp wagtlap ýatdym, soň başdangeçirmelerim barada pikirlenip, ýatyşyma uka gidipdirin. Men ertesi irden elime hasamy aldym-da, obany we obadakylary görmäge ugradym. Adamlar mylakatlydylar, ýöne özlerini utançly duýýan ýaly bolup duýulýardy. Olar meniň eşiklerime, soňra bolsa assyrynlyk bilen aýagyma seredýärdiler. «Sen Gündogar Hindistanda ýaralandyňmy ýa-da başga ýerde?» — diýip soraýardylar. Bu uruş beýleki ýeňilen uruşlar ýaly, Gollandiýada meşhurlyga eýe bolmady. Hemmeler Indoneziýanyň tiz wagtdan garaşsyzlyk aljakdygyny bilýärdiler we şol sebäpli hem bize hemişe muny isleýän bolup görünmek köp derejede ýeňildi. Uruşdan gaýdyp gelenler ýagdaýy diňe çylşyrymlaşdyrýardylar. Men haýsydyr bir düşnüksiz sebäbe görä, Uetstrleriň öýine tarap ýöneldim. Olar stoluň başynda otyrdylar. Men olaryň bir käse kofe içmäge çagyryşyny şatlyk bilen kabul etdim. Jenap Uetstra menden Sukarno we kommunistler barada sorady hem-de ahyrsoňy has şahsy häsiýetli soraglary berip başlady. «Andreý, sen olaryň hatyrasyna giden başdangeçirmeleriňden razymy?» Men ýere seredip oturdym. «Ýok, onçakly däl», — diýip jogap berdim. Ol: «Ýagşy, — diýdi, — biz dileg etmegimizi dowam etdireris». «Başdangeçirmeler baradamy? Meniň üçinmi? — men özümde gahar-gazabyň bokurdagyma gelendigini duýdum. — Hawa, elbetde, dileg ediň. Indi men hut şu başdangeçirmelere taýýar. Çagyryş ýaňlanar welin, men edil şol wagtyň özünde aýaga galaryn». Men şobada utanyp gitdim. Meni bu sözleri aýtmaga näme mejbur etdikä? Men ol ýerden öz dostlugymyzy bozanlygymy duýup gaýtdym. Ýene-de bir adam bilen görüşmek isleýärdim, — ol Kesdi. Ol hem öýde eken, ýokarda — öýünde kitaplaryň uly toplumynyň arasynda oturan eken. Birneme dartgynly salamlaşykdan soňra, men kitaplaryň birini elime aldym we onuň mazmunynyň Hudaý bilen baglanyşyklydygyny görüp, geň galdym. «Bu näme?» –diýip men soradym. Kes kitaby meniň elimden aldy. «Men näme bilen meşgullanmalydygyma düşündim». «Seniň bagtyň getiripdir. Sen näme bilen meşgullanjak?» — diýip soradym we öz eşitjek jogabyma kynlyk bilen ynandym. «Meniň özümi Hudaýa gulluk etmäge bagyş edesim gelýär. Ruhany Wanderhop maňa kömek eder». Men ýygryldym we ol ýerden mümkin boldugyça çalt gaýtdym. Dorndaky weteranlar üçin hassahana uly bir toplumdy, bejeriş binalaryny, otaglaryny we dikeldiş bölümlerini öz içine alýardy, ýöne onuň esasy aýratyn taraplarynyň biri iç gysgynçlygydy. Maňa maşklar ýaramaýardy, meniň senetçiler mekdebinde okasym gelenokdy, hemmesinden beteri hem zähmet bejerişini ýigrenipdim. Biz şepbeşik we goýy palçykdan güldanlary ýasamalydyk. Men hiç zady başaromokdym. Hemme ussatlyk palçygyň bir tokgasyny küýze tegeleginiň edil merkezine goýmakda, soňra bolsa stanogy aýlamakda we şol bir wagtda barmaklaryň bilen palçyk tokgasyna görnüş bermekde jemlenýärdi. Näme üçindir men hiç haçan bu merkezi tapyp bilemokdym. Men şeýle bir gaharlanýardym, birnaçe gezek palçygyň tokgasyny garşydaky diwara zyňyp goýberdim. Birinji dynçgüni men Tileni görmäge gitdim. Gorkuma barýan ýoluň ugrunda awtobusda men öz-özume Tileniň meniň ýadymda saklanyp galyşy ýaly ajaýyp däldigi barada oýlanyp, özüme teselli berýärdim. Soňra men balyk dükanynyň bosagasyndan ätledim we Tileni gördüm. Onuň gözleri has hem garalan ýalydy, teni bolsa öňküden hem ak bolup göründi. Onuň kakasynyň bize üns bilen garap durandygyna garamazdan, biziň ellerimiz dowamly salamlaşykda biri-birini gysyp durdular. «Öýümize hoş geldiň, Andreý». Tilenin kakasy ellerini balyk teňňeleriniň ýapyşan öňlügine süpürip, meniň yanyma geldi. Ol meniň elimi batly silkeläp salamlaşdy. «Hindistan barada ähli zady gürrüň ber!» Men sypynan badyma, Tile bilen dükandan gitdik. Günüň galan bölegini biz kenarda ullakan kabestanyň üstünde oturyp gürrüňleşip geçirdik. Men özümiň gaýdyp gelşim hakynda, Geltýeniň äri we Beniň ýakynlaşýan toýy hakynda gürrüň berdim. Men dikeldiş merkezi, palçyk bilen işlemegi ýigrenýänligim barada gürrüň berdim. Men onuň lapynyň keç boljakdygyny bilsem-de, özümiň dini durmuşda ýeňlişe sezewar bolanlygymy aýtdym. Tile aýlaga seredip durdy. «Ýöne Hudaý ýeňlişleri ykrar etmeýär» — diýip, ol mylaýym ses bilen aýtdy. Ol birden güldi. «Meniň göwnüme bolmasa, sen şol palçygyň bir bölegi ýaly, Andi. Hudaýyň seniň üçin meýilnamasy bar. Onuň seni Öz maksatlarynyň edil merkezinde yerleşdiresi gelýär, ýöne sen hemişe Onuň ellerinden towlanyp, sypyp gidýärsiň». Ol öz gara gözlerini maňa tarap öwürdi: «Andi, sen nireden bilýärsiň? Belki, Onuň senden şeýle ajaýyp bir zady ýasasy gelýändir?» Men aşak bakdym we daşyň ýüzünde basyp öçüren çilimim juda gyzyklandyrýan ýaly bolup görünmäge çalyşdym. Men: «Meselem?» — diýip soradym. Tile meniň daş-toweregime zyňan çilim galyndylaryma ýigrenç bilen seretdi. «Meselem, küldany, — ol gysgajyk jogap berdi. — Sen çilimi köp çekýärsiňmi. Andi?» Men günde üç gap dagy çekyärdim. «Bilemok», — diýip jogap berdim. «Şol sebäpden hem üsgürýärsiň. Bu seniň peýdaňa däl diýip pikir edýärin». «Sende meni täzeden terbiýelemek üçin meýilnamalar kän gerek, şeýlemi?» — meniň muny asyl aýdasym gelmeýärdi ahyryn. Näme üçin men hemişe hemme zady bulaşdyrýarkam? Birden men hemmelerden nähili daşlygymy, hatda Tileden hem daşdygymy duýdum. Ýöne ol aýagymdaky elhenç agyry zerarly gygyrmakdan saklanmak üçin dodaklarymy ganaýança dişleýänimi bilmeýärdi. Ol awtobusda aýallaryň maňa orun bermek üçin turanlarynda özümi nähili duýýandygymy hem bilmeýärdi. Şol gün men Tileniň ýanyndan aýtmak isleýän zatlarymdan düýbünden başga zatlary aýdanlygyma düşünip gaýtdym. Dine iki aýdan soň, men ýene-de din barada eşitdim, ýöne bu gezek Tileden däl-de, başga bir owadan gyzdan eşitdim. 1949-njy ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň ýagynly günleriniň birinde günortana golaý, ertirki maşklardan soň, biz öz düşeklerimiziň üstünde oturyp hat ýazýardyk we olary okaýardyk. Şol wagt şepagat uýasy geldi we bizi görmäge gelenler barada aýtdy. Men tä ýigrimi sany oglanyň agzyndan çykan ýuwaş sykylygy eşidýänçäm, oňa hiç hili üns bermedim. Men gabaklarymy galdyrdym. Gapynyň öňünde çekinjeň we şeýle ünse göwni göterilen, örän owadan akýagyz gyz durdy. «Hiç neneň däl», — diýip, meniň krowadymyň gapdalyndaky krowatda ýatan Pir aýtdy. «Men siziň köp wagtyňyzy almaryn, — diýip, gyz gürläp başlady, — men siziň hemmäňizi şu günki çadyrdyky ýygnaga çagyrýaryn. Ol ýerde köp naharlar we içgiler hem bolar...» «Nähili ýygnak?» — diýip kimdir biri gygyryp sorady. «...Bu ýerden awtobus agşam sagat ýedide ugraýar we siziň hemmäňiz gelersiňiz diýip umyt edýärin». Oglanlar gürrüldili el çarpyşyp, hezil etdiler. Ol gyz çykyp barýarka bolsa, el çarpyşmalary «Berekella! Berekella!» sözi bilen utgaşdyrdylar. Eýýäm sagat ýedi bolanda biziň hemmämiz çykalgada durduk, sakgallarymyz arassa syrylandy, saçlarymyza bolsa brialin goýy edip çalyngydy. Pir bilen men hemmeleriň öňünde durduk. Biz diňe bir agşamymyzy hassahanadan daşarda geçirýändigimize begenmän, eýsem Piriň oba baryp, biziň içjek içgilerimiziň sanawyny getirenine hem begenýärdik. Awtobus barmaly ýerine ýetende, çüýşe eýýäm ýarym bolupdy. Biz çadyrda iň soňky hatarlara geçdik we ony ahyryna çenli içdik. Oglanlaryň köpüsi biziň edýän hereketlerimizi gülküňç gördüler. Ahyrsoňy inçemik ýüzli we gözleri çöken degişgen adam (beýle adamlary men halamaýaryn) kafedradan düşdi we bu ýerde gatnaşyjylaryň arasynda özlerine erk edip bilmeýän iki sany adamyň bardygyny aýtdy. Soňra gözlerini ýumup, biziň ölmez-ýitmez ruhumyzyň saglygyna dowamly dogasyny okap başlady. Biz bokurdagymyza dykylyp barýan gülkimizi zordan saklaýardyk. Ýöne iň soňunda ol bizi «keseki ruhlaryň täsirini ýetirýän doganlary» diýip atlandyran-da bolsa, biz mundan artyk saklanyp bilmedik. Biz uwlaýardyk, aglaýardyk, biz gülküden ýaňa bogulýardyk. Özüniň indi doga okamagyny dowam etdirip bilmejegine düşünip, aýdymçylar toparyndan aýdym aýtmaklaryny haýyş etdi. Ol «Let My People Go» («Meniň halkymy azat et») diýen aýdymy saýlady. Basym oňa gaýtalamany aýtmak üçin hemmeler goşuldylar. «Let My People Go...» Bu sözler uly çadyry ýene-de we ýene-de doldurdy. Ýygnak tamamlandy we weteranlar özlerine garaşýan awtobuslara doldular. Ýöne men içimden «Let them go… Let me go, Olary azat et... meni azat et...» diýen sozleri gaýtalaýardym. Elbetde, seniň hatda aýtman, ýöne bir diňlän ýönekeý aýdymyň, Hudayň jogap berip biljek dogasy diýip göz öňünde tutup bolmaýar ahyryn. Ýöne şonda-da ertesi meniň iň ýigrenýän zähmet bejerişimde nähilidir bir geň zat bolup geçdi. Meniň düýnküden soň kellämiň örän agyrýanyna we meniň küýze aýlawyndan hiç bir oňaýly işi etmäge yagdaýymyň ýoklugyna garamazdan, men şonda-da oňa çal palçygyň bir bölegini taşladym. Soňra men ony merkeze tarap süýşürdim, şol bir wagtda meniň aýaklarym çarhy aýlaýardylar. Birden meniň barmaklarymyň aşagynda gül goýulýan gap emele geldi. Öz gözlerime ynanman, ýene-de bir bölek palçygy okladym. Ýene-de hiç hili güýç ulanmasyz ýene-de bir gül goýulýan gap emele geldi, ol meniň göz öňüne getirýän görnüşime gabat gelýärdi. Şol gün biraz gijräk ýene-de bir ynanyp bolmajak waka bolup geçdi. Nahardan soňky dynç alyş wagtynda men biziň üçin getirilýän žurnallary gözden geçirip otyrdym welin, birden meniň Injili okasym geldi, men ony ejemden ýadygärlik hökmünde sandyjakda saklaýardym. Men ony Gollandiýa gaýdyp gelelim bäri bir gezek hem okamandym. Ýöne şol gün birden men ony açdym we ony okap başladym, men okan zatlarymyň barysyna düşünýärdim, bu meni örän geň galdyrdy. Ozal meniň üçin düşnüksiz bolup görünýän ýerleri, indi birden edil bir täsin taryh ýaly gyzykly bolup başlady. Men ony ýatylýan wagtyň dowamynda okadym we tä meni ikinji gezek çaýa çagyrýançalar okamagymy dowam etdirdim. Bir hepdeden soň hem men Injili örän gyzyklanma bilen okaýardym, maňa tä hassahanada dynç günlerinde öýümize gaýdyp biljekdigim hakynda aýdýançalar, ony dynman okadym. Ýöne ol ýerde hem men jaýyň üçeginde öz düşegimiň üstünde gyşaryp Injili okadym. Geltýe maňa çorba getirýärdi, meniň hemme zadymyň kadalydygyna düşünmeklige synanyşyp maňa seredip durýardy-da, soň bolsa, bir söz hem aýtman aşak düşüp gidýärdi. Maňa näme bolýardy? Soňra men ybadathana gatnap başladym. Ozallar hiç haçan ybadathananyň gapysyndan barmandym, Ol ýere şeýle bir yzygiderli gatnaýardym welin, bütin oba bolup muňa üns berdiler. Diňe bir dynç günündäki ertirki gulluga däl, agşamlaryna hem, şeýle hem hoşgünlerinde geçirilyän ýygnaklara hem gatnaşyardym. 1949-njy ýylyň Sanjar (noýabr) aýynda meni goşundan resmi taýdan boşatdylar. Men alan pullarymyň bir bölegini ýalpyldap duran tigre berdim we onda ýöremegi öwrendim, men köplenç sagdyn aýagym bilen işleýärdim, agyryly aýagymy bolsa, ýöne pedalyň üstünde goýýardym. Men heniz hem ony ynjysyz ýere basyp bilmeýärdim, ýöne tigriň üstünde bu bir gaty gorkuňç hem däldi. Indi men Hudaýa gullugy ýerine yetirmek üçin goňşy säherlere hem gidýärdim. Baş günleri men Alkmaradaky halas ediş Goşunynyň yagnaklaryna gatnaýardym. Ýaş günleri Amsterdama baptistleriň ybadathanasyna gulluga gatnaýardym. Her gün bir ýerlerde ýygnaklar geçýärdi. Men hemme ýerde wagyz edijiniň aýdan ähli zatlaryny ýazyp alýardym, ertesi irden men ol ýazgylary Injildäki aýatlar bilen bile gözden geçirýärdim, ýagny wagzyň hakykata gabat gelýänine göz ýetirmek üçin şeýle edýärdim. «Andreý! — merdiwanda birden Martýe peýda boldy. Onuň elinde käse bardy, — Andreý senin bilen gürleşip bolýarmy?» Men oturdym: «Elbetde, Martýe». «Biz seniň örän köp wagtyňy bu ýerde, ýagny üçekde ýalňyzlykda geçirýäniňden biynjalyk bolýarys. Sen hemme wagt Injili okaýarsyň. Şeýle-de her gün agşam ybadathana gidýärsiň. Bu kadaly däl. Andi, saňa näme bolyar?» Men ýylgyrdym: «Özüm hem bilemok». «Biz örän biynjalyk bolýarys, Andi. Kakam hem sen sebäpli tolgunýar. Ol şeýle diýýär... — muny nähili edip gowy aýtmalydygy barada pikirlenýän ýaly, ol birsalym dymyp durdy. — Kakam bu seniň ýaralananyň sebäpli diýýär». Şulary aýtdy-da, ol çaltlyk bilen aşak düşdi. Men onuň aýdanlary hakynda oýlandym. Belki men hakykatdan hem dini fanat bolaýdymmykam? Men Injilden goşgulary gaýtalap, töwerekde aýlanyp gezýän aklyndan azaşan adamlar barada eşidipdim. Men hem şeýle bolaýarmykam? Ýöne meniň geň yagdaýym menden daşlaşmaýardy, men tigrimde dynman ybadathanadan ybadathana gatnayardym, öwrenýärdim, diňleýärdim, hemme zady ozümiň aňyma siňdirýärdim. Bir gezek maňa Pir hat iberipdi, ol hatynda meni oňat içgi içmeklige çagyrýardy, ýöne men hatda, onuň hatyna jogap hem ýazmadym. Meniň jogap ýazasym gelýärdi, ýöne ýadymdan çykarypdyryn we birnäçe hepde geçenden soň, men onuň hatyny Hadson Teýlor baradaky kitabyň içinden tapdym. Başga tarapdan alyp görseň, men köp wagtymy Kes we meniň öňki mugallymym, hanym Mekle, şeýle hem Uetstrler bilen geçirýärdim, elbetde, ozalkydan has köp wagtymy Tile bilen geçirýärdim. Men her hepdede tigrimde Tile bilen ozümiň näme okanym we eşidenim hakynda gürleşmek üçin Gorkuma gidýärdim. Indi kenaryň ýakasy oturmak üçin sowukdy. Şol sebäpli hem biz balyk dükanyna girerdik we alyjylaryň arasynda gürleşerdik. Ilki başda Tile mende bolup geçýän zatlary görüp örän begenerdi, ýöne hepdeleriň aýa çekýändigini, meniň bolsa ybadathanalara yzyny üzmän gatnaýanymy görüp, ol hem ynjalyksyzlanyp başlady. «Seniň köýesiň gelenok ahyry, Andi, — diýip, ol aýdýardy. — Sen birazajyk saklanmagyň gerekdigini duýaňokmy? Haýsy-da bolsa başga bir kitaplary oka. Käwagtlar kino git». Ýöne men ony islämokdym. Meni dünýäde ynanyp bolmajak başdangeçirmelerimden başga hiç bir zat gyzyklandyryp bilenokdy. Wagtal-wagtal Tile menden iş tapanlygym hakynda soraýardy. Bu örän kyn meseledi. Men işlemesem, Tilä şunça wagtlap arzuw edip gelen zatlarymy hödürläp bilmerin ahyryn. Şol sebäpli, men haýsydyr bir işiň gözlegine ymykly çykdym. Ýöne men iş tapmankam, bir kiçiräjik waka bolup geçdi. Ol waka meniň durmuşymy, bir ýyl mundan ozal meniň aýagymdan geçen okdan hem has düýpli üýtgetdi. Bu 1950-nji ýylyň aňzakly gyşynda, harasatly gije bolup geçdi. Men düşegimde ýatyrdym. Güýçli şemal öwüsýärdi, ýagyş gatyşykly gar yagýardy. Bu hadysa Gollandiýada Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň ortalaryna köplenç bolup geçýärdi. Men ýorganymy edil eňegime çenli çekipdim, men garyşyk garyň daşarda edil ýere ugurdaş ýatýanyny bilýärdim. Bu şemalda meniň gulagyma dürli sesler gelip başlady. Men şepagat uýasy Patrisiyanyň sesini eşitdim: «Maýmyn hiç haçan goýbermez...» Men uly çadyrda aýdylýan aýdymy eşitdim: «Meniň halkymy azat et...» Men nämeden ýapyşýardym? Meni näme baglaýardy? Men bilen erkinligiň arasynda näme durdy? Öýdäkileriň hemmesi ýatyrdylar. Men ellerimi kellämiň aşagynda goýup, arkan ýatyrdym, garaňky petige seredýärdim we birden men örän rahat ýagdayda şulary aýtdym. Daşarda şemal uwlaýardy we ol maňa özümi akmak ýaly alyp barmazlygymy tabşyrýardy. Men Hudaýa ýüzlendim — bir, iki we taýýar. Meniň dilegimde köp ynam ýokdy. Men ýöne şeýle diýdim: «Hudaý, eger Sen maňa yol görkezseň, men Seniň yzyňa eýererin. Omyn». Hemme zat şeýle adaty ýagdaýda bolup geçdi. Bäşinji bap TABYNLYK ÄDIMI Ol gije men deňiz kenarynyň gaý-harasatynyň gümmürdisine irkilipdirim. Gyzykly ýeri — goranmagy bes edip, Hudaýa ynanyp, men özümi şeýle howpsuz ýagdaýda duýdum. Beýle duýgyny ozal hiç wagt başymdan geçirmändim. Irden oýananymda, meniň şatlygymyň çäginiň ýoklugyny duýup, kim-de bolsa biri bilen maslahat etmegi makul bildim. Men bu barada öz maşgalama gürrüň berip biljek däldim. Olar onsuzam meniň ýagdaýym barada aladalanýardylar. Uetstrler bilen Kes galýardy. Uetstrler derrew hemmesine düşündiler. «Hudaýa şükür» — diýip Filip Uetstra seslendi. Bu ses meni biraz aljyratdy. Emma onuň äheňi meniň ýüregime ynjalyk berdi. Uetstrler meni gelşiksiz ýa-da geň bir zat edendir diýip hasaplamaýardylar. Olar «ýokardan dogluş» barada gürrüň edýärdiler, emma bu geň dile garamazdan, men Hudaýa ynanýan, köpleriň oňat bilýän ýodasyna ädim ädenime düşündim. Haçan-da men bu barada Kese aýdanymda, ol hem derrew meniň başdangeçirmelerime düşündi. Ol daş-töweregi kitapdan doly, hat ýazylýan stoluň başynda otyrdy, ol alym garaýşy bilen maňa seretdi. Ol äpet möçberdäki kitabyň gatyna barmaklary bilen tyrkyldadyp: «Seniň bilen bolup geçen hadysaň ady bar, — diýdi. — Ol toba etmeklik. Andreý, seniň «tobaňyň» nähili çuňdugyny görmek gyzykly bolar». Men Tile bilen görme-görşe gelenimde, meniň geň galmagyma görä, ol beýlekiler ýaly täzeligi begenç bilen kabul etmedi. «Bu şol köpçülik ýygnaklarynda bolup geçýärmi?» — diýip, ol sorady. Görgüli Tile öňküden has agyr ýene bir tolgunmany başyndan geçirmeli boldy. Birnäçe hepdeden soň, 1950-nji ýylyň bahar paslynda men Kes bilen tanymal golland injilçisi Anre Donkeri diňlemek üçin Amsterdama ugradym. Ruhany Donker wagyz-nesihatyny gutaryp barýarka, sözüne dyngy berdi. «Dostlar, şu gün täsin bir zat bolar diýen duýgy mende bar — diýip, ol aýtdy. — Bu ýere gatnaşýanlaryň arasynda özüni wagyzçylyk işine bagş etjek adam bar». «Muňa üstüňden gülmek» — diýip, men pikir etdim. Megerem ol zalda kimdir birini oturdandyr. Ol adam ýygnagyny azda-kände janlandyrmak üçin, häzir tarsa ýerinden turup, ylgap öňe çykar. Emma jenap Donker ýygnaga gatnaşýanlary synlamagyny dowam etdirýärdi. Zalda ümsümlik höküm sürýärdi. Onuň garaýşy bolsa, ýürek gysdyryjydy. Kes hem ony duýdy. «Beýle zatlara çydap bilemok, gel bu ýerden gideli» — diýip, ol pyşyrdady. Biz zalyň aňrybaşyna gitdik. Adamlar biz tarapa seredip başladylar. Biz ýene-de oturdyk. Jenap Donker: «Aý, name, onuň kimdigini Hudaý bilýär, — diýdi. — Ol doly howpdan we başdan geçirmelerden doly durmuşa garaşýan adamy bilýär. Ol jahyl adam diýip pikir edýärin. Jahyl erkek adam». Indi wagyz edijiniň kimi göz öňünde tutýanyny bilmek üçin, ýygnaga gatnaşýanlaryň hemmesi töweregine seretdi. Biz Kes bilen kimdir biriniň buýrugyna tabyn bolup — oňa hiç wagt düşünip bilmeris diýip, aýagymyzyň üstüne galdyk. Wagyz ediji: «Hä, ine olar — iki jahyl oglan, — diýdi. — Ajaýyp! Ýaş ýigitler, öňe çykyň». Biz Kes bilen uludan dem alyp, düýşümizde ýaly kafedranyň uzyn ýodasyndan geçdik we dyzymyzy epdik. Jenap Donker bolsa biziň üstümize abanyp dileg etdi. Ol dileg edýärkä, men diňe Tile näme diýerkä diýip pikir edýärdim. «Emma Andreý!» Tile güýçli fiziki täsirde we howsalaly ýagdaýda bolar. «Sen özüňi doly suratda bütinleý halys edýärsiň ahyry, sen oňa düşünmeýärmiň näme?» Emma has beteri heniz öňdedi. Wagyz ediji doga okap bolansoň, maňa we Kese gullukdan soň biziň bilen gürrüňdeş boljakdygyny aýtdy. Biz uly isleg bildirmän, ony tas gözbagçylykda guman edip galdyk. Haçan-da zal boşansoň, jenap Donker, biziň adymyzy sorady. Ol: «Andreý we Kes — diýip gaýtalady, — hany näme, oglanlar, siz ilkinji tabşyryga taýýarmy?» Biz garşylyk görkezmek üçin agzymyzy açyp ýetişmänkäk, ol sözüni dowam etdi. «Ýagşy! Men siziň öz dogduk şäheriňize gaýdyp barmagyňyzy isleýärin, ýogsa-da oglanlar, siz nireden?» «Witteden. Ikiňizem Wittedenmi? Örän oňat. Wittä gaýdyp baryňyzda, burgomostriň jaýynyň öňünde ýygnak gurnaň. Mukaddes Kitabyň nusgasyny gaýtalaň. Isa Iýerusalimden başlap hoş habary ýaýratmagy tabşyrdy. Olar öz öýlerinden başlamaly boldular...» «Sözler topuň oky ýaly yzly-yzyna ýarylýardy. Ol näme haýyş edýänine düşünýärmikä»? «Hiç zat barada aladalanmaň. Men siziň bilen bolaryn, oglanlar! Hemme zat endikde. Ilki men gepläp başlaryn...» — diýip, jenap Donker sözüni dowam etdi. Ony men zordan diňleýärdim. Men köcelerdäki her hili ýaramaz wagyz edijileri ýadyma salýardym. Emma meniň aňyma başga sözler hem girip başlady. «...Şeýlelik bilen, biz güni belledik. Ruhgüni agşam, Wittede». Men «Ýok» diýjek bolup: — Bolýar, ser — diýdim. «A sen, ogul?» — diýip jenap Donker Kesden sorady. «Bolýar, jenap». Kes ikimiz şeýle ýagdaýa düşenimiz üçin, içimizden bir-birimizi günäkärläp, haýran galmak bilen öýümize barýardyk. Wittede biziň ýygnagymyzy bir adam hem sypdyrmady. Hatda şäheriň itlerem ýygnagymyza geldi. Biz injilçi bilen gutulardan ýasalan kiçijik kafedrada durup, tanyş ýüzlere seredýärdik. Olaryň bir topary açykdan-açyk gülýärdi, beýlekileri göwniýetmezlik bilen gülümsireýärdi. Uetstrler bilen hanym Mekle ýaly üçünji birleri bolsa, makullap baş atýardy. Indiki ýarym sagat doly bela-beterde boldy. Jenap Donker bilen Kesiň näme diýenleri meniň ýadymda däl. Diňe jenap Donkeriň men tarapa öwrülip, bir zada garaşýan ýaly wagty meniň ýadymda gäldy. Men öňe çykdym we şondan soň dym-dyrslyk başlandy. Titreýän dyzlarymy gizleýän giň golland jalbaryma begenip, ýene bir ädimden men kafedranyň gapdalynda peýda boldum. Meniň aýtjak sözlerimiň birisi hem ýadymda däldi. Şoňa görä-de men, haçan-da Indoneziýadan dolananymdan soň, özümi hapa we ýazykly duýýandygym barada öz günämi we ahlaksyzlygymy, jebir–jepany, kimdigimi we durmuşdan näme isleýändigimi, haçan-da tupanly bir gije Hudaýa ýüzlenýänçäm, öz üstümden aýyrmanlygyny gürrüň berdim. Heniz jenap Donker meniň wagyzçy boljakdygymy ýatlamanka, şondan bäri özümi nähili azat duýýandygymy tekrarladym. Men öz watandaşlaryma: «Emma siz bilýäňizmi — diýdim, — meniň özüm hem şoňa geň galýaryn». Men Tile bilen duşuşmakdan gorkýan ýalydym. Dogrudan hem öýlenjek bolýan gyzyňa birden men wagyzçy boljak diýäýmek aňsat däl. Oňa nähili durmuş garaşýar? Agyr iş, ujypsyzja girdeýji. Haýsy-da bolsa uzakdaky obada ýaşaýyş jaýynyň amatsyzlygy. Heniz açyk ýuregi we ruhy bilen ol maksada berlen bolmasa, men oňa nähili ykbaly teklip edip bilerin? Şeýlelik bilen, Tileniň wagyzçy bolmagy üçin tagallany men indiki hepdede başladym. Men oňa ýygnakda öz ynamym baradaky pursaty we ony saýlap almakda Hudaýyň erkiniň bardygyny gürrüň berdim. Geň galmaly ýeri, Tileniň wagyzçynyň durmuşynyň agyrlygy bilen däl-de, eýsem meniň şeýle kän adamlaryň özlerinde çykyş etmeklidigim bilen ylalaşmagy gaty kyndy. Şeýle bolsa-da ol: «Men jenap Donkeriň bir zady bilen ylalaşyaryn, — diýdi. — Wagyzçylyk gullugyny öýden başlasaň oňat boljak. Näme üçin sen Wittäniň golaýynda haýsy bolsa-da, bir ýerde özüňe iş tapyp we ony öz ilkinji wagyzçylyk meýdanyňda peýdalanmaýarsyň? Sen wagyzçy bolup biljekmi ýa-da ýok, oňa sen tiz düşünersiň». Bu maňa amatly göründi. Alkmarda Witteniň ýanynda iň uly kärhana — Ringersiň şokolad fabrigi ýerleşýärdi. Ol ýerde Geltýeniň äri Ari işleýärdi. Men ondan işgärler bölüminde özüm barada bir-iki agyz söz towakga etmegini haýyş etdim. Men işe kabul etmeklerini sorap arza bermek üçin, Alkmara gitmeli günümiň öňinçäsi ýatyrkam, ajaýyp düýs gördüm. Fabrik sussypes we betbagt adamlardan doludy. Olar meniň beýlekilerden üýtgeşikdigimi derrew aňdylar. Olar meniň daşyma üýşüp, gizlin syrym barada pikir alyşmagymy talap etdiler. Haçan-da men nämedigini aýdanymda, olaryň oý-pikirleri hakykatyň şuglasyna ýagty saçdy. Biz bilelikde dyzymyzy epdik... Men dogrudan hem oýananyma gynandym. Men Ringersiň fabriginiň işgärler bölüminiň öňündäki tagtadan ýasalan oturgyçda oturdym. Howada şokoladyň agyr ysy bardy. «Indiki». Men çaltlyk bilen gapydan girdim; men öz hasamy öýde goýdum. Emma diňe men ýadanymda, maňa hemişekiler ýaly ýöremek agyr bolýardy. Men agsaman agyryly aýagymyň üstüne basmagy öwrendim. Meniň arzamy görenden işgärler bölüminiň başlygynyň ýüzi çytyldy. Ol: «Lukmançylyk görkezmeleri boýunca harby gullukdan boşadylan, — diýip, gaty ses bilen okady we şübhelenip maňa seretdi. — Size näme boldy?» Men ýüzüme gan uranyny duýup: «Hiçle — diýip, jogap berdim. — Beýlekileriň edýänleriniň hemmesini men edip bilýärin». «A siz öýkelek ekeniňiz!» Şeýle bolsa-da, ol maňa iş berdi. Men şokolad gaplanan gutulary sanamalydym; soňra bolsa olary ýüklenýän bölüme äkitmelidim. Solgun ýüzli jahyl oglan meni egrem-bugram koridorlardan we basgançaklardan äkidip, ahyrsoňy äpet bölümiň gapysyny itdi. Ol ýerde iki ýüze golaý gyz onlarça konweýýer lentasynyň ýanynda durdy. Ol meni olaryň biriniň ýanynda goýdy. «Gyzlar, bu Andreý. Şatlanyň». Meni geň galdyryp, gyzlar meni sykylyk bilen garşyladylar. Soňra çaklama ýagyp başlady. «Eý Ruti, ol seniň göwnüňe ýaraýarmy?» «Daşyndan göräýmäge ýaman däl». Ondan soň men gödek, hapa degişmeleri eşitdim. Hatda esgerlikde sögünje endik eden gulaklarym hem şeýle sözleri eşitmäge taýýar däldi. Meniň düşünişime görä, bu ýaryşda ýaramaz we hapa sögünçleriň tow berijisi Gretýe atly gyz bolmaly. Onuň söýgüli mowzugy sodomiýady: ol meniň üçin ýassykdaş hökmünde haýsy haýwany maňa saýlamalydygy hakda daşyndan oýlanýardy. Men ýük daşaýan arabajygymyň dolanyna begendim. Men biraz salym ýük ýüklenýän bölüme, ýagny gyzlaryň ýanyna görä mukaddes ýer bolup görünjek erkekleriň üýşmeleňine gidip biljekdim. Örän tiz wagtyň içinde ýük daşaýan arabajygymyň ýüküni boşatdylar we men ýene-de uly bölümde begençli sykylygy eşitmeli boldum. Haçan-da men zalyň merkezindäki gözegçiniň äpişgesine gutular üçin kwitansiýany äkidenimde: «Eý Hudaý! Belkem, bu wagyzçylyk meýdanydyr, emma bu meniň meýdanym däl diýip pikirlendim. Men hiç haçan bu gyzlar bilen gepleşmäni öwrenip bilmerin. Olar meniň hemme aýdanlarymy tersine öwürýärler we...». Men aýak çekdim. Sebäbi dünýäde iň mylaýym gözler aýnanyň aňyrsynda maňa ýylgyryp garaýardylar. Olar goýungözdi. Ýok, olar gökdi. Ol örän ýaşajykdy. Sary saçly, inçejik, bolaýsa on dokuz ýaşdan biraz ýokarydy, ol bu bölümde örän jogapkärli işi ýerine ýetirýärdi. Ol işçileriň orderlerini we kwitasiýalaryny doldurýardy. Haçan-da men kwitansiýany oňa berenimde, onuň ýylgyrmasy gülkä öwrüldi. Ol: «Olara üns bermäň, olar her bir täze geleni şeýdip garşylaýarlar, — diýdi. — Ýene bir ýa-da iki günden seniň ýeriňe ýene-de kimdir biri şeýle ýagdaýa düşer». Meniň kalbym minnetdarlykdan doldy. Ol maňa öňünde ýatan topbak kagyzlardan täze ýük ýüklemeli resminamany gowşurdy. Emma men durmagymy dowam etdirip, oňa seredýärdim. Bölümdäki gyzlaryň ýuzleri sirkdäki ýaly pudralanandy we reňklenendi. Onuň ýüzünde bolsa, kosmetikanyň (ýüze görk bermek üçin ulanylýan serişdeler) hiç bir yzy ýokdy. Onuň ter, juwan ýaşlygy gözüňi gamaşdyrýardy. Olar birsyhly öz reňkini üýtgedýärdi. Oňa men näçe uzak seretdigimça, şonça-da ony ozal görendigime ynamym artýardy. Eger-de men şeýle soragy oňa beren bolsam, onda ol ýasama owaz bolardy. Men göwünsizlik bilen önüm ýygnalýan hatara tarap aýryldym. Sagat uzaýan we uzaýan ýalydy. Iş gününiň ahyrynda, aýak üstünde geçiren her ädimim jebir-jepa boldy, men näçe jan etsem hem, agsap başladym. Ony Gretýe derrew aňdy. «Andi, näme boldy?» — Sen näme krowatdan ýykyldyňmy? — diýip, ol jynssyz gygyrdy. Ol sesini goýar diýen umyt bilen: — «Gündogar Hindistan» — diýip jogap berdim. Gretýeniň dabaraly sesi bütin bölüme eşidildi. «Sukarno barada gürrüň edilýäni dogrumy? Ol ýerde ýaşajyk gyzlary söýýärlermi? Gyzlar! Biziň aramyzda uruş gahrymany — Andi». Men elhenç ýalňyşlyk goýberdim. Köp günleriň dowamynda men eýýäm olar üçin täzeligimi ýitiren hem bolsam, hatda şondan soň hem gyzlar gündogar täsinlikleri barada menden soraýardylar. Bölümde birsyhly edilýän gürrüňler üçin, tykatlykdan ýaňa ençeme gezek işi taşlamak isledim. Emma aýnanyň aňyrsyndaky ýylgyrýan gözler meni halas edýärdi. Men ol ýere hatda kwitansiýa ýok wagty hem barardym. Käwagtlar kwitansiýalar bilen bilelikde men hatjagaz uzadýardym. «Şu gün sen oňat gorünýärsiň!» ýa-da «Ýarym sagat ozal sen ýüzüňi çytdyň! Näme boldy?» Ol gürrüňler barada, olary diňlemeli bolanda, onuň näme pikir edýänligi meniň üçin gyzyklydy. Şonuň ýaly ýerde, umuman, ol näme edýärdi. Ony men haýsy bolsa — da bir ýerde görendigim üçin, meni hemişe duýgy yzarlaýardy. Fabrikde men bir aý işledim, haçan-da batyrlyk görkezip, oňa: «Men sen barada aladalanýaryn. Sen bu adamlar bilen işlemek üçin örän ýaş we örän oňatja, — diýip ýüzlenenimde, ol gyz kellesini arkan gaýşardyp, hezil edip güldi. — Eý, ata! Sende nähili köne pikirler bar, — diýip ol aýtdy. Ol dogrudan hem penjirä tarap egildi. — Olar bütinleý erbet däl. Olaryň köpüsi ýöne dostlugyň zerurlygyny isleýärler. Olar özlerine dost tutunmagyň tärlerini bilmeýärler». Maňa ynanyp bolarmyka diýen pikir bilen ol maňa seretdi. «Bilýärmiň näme, men mesihidirin, — diýip, ol ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Şonuň üçin hem men şu ýere işlemäge geldim». Onuň özümiň wagyzçy-egindeşimdigine düşünip, men agzymy açyp haýran galdym. Bu ýüzi derrew nirede görendigimi ýadyma saldym. Weteranlar üçin gospitalda. Bu şol çadyr ýýgnagyna bizi çagyran gyzdy. Ol hem bu ýerde. Şol wagtdan bäri, meniň bilen mäme bolup geçendigini, meniň hem onuň tabşyrygy ýaly Ringersiň fabrigine düşüşimiň hemmesini oňa gürrüň berjek bolup tolgunmakdan ýaňa men sakawlaýardym. Ol adynyň Korri wan Damdygyny aýtdy. Şol günden soň, biz Korri bilen bir toparda bolduk. Meniň işim ýük ýüklenýän araba bilen hatar aralaryndan doly gutulary daşamaga mümkinçilik berýärdi we men gyzlaryň haýsy birisiniň nähili kynçylyklarynyň bardygyny duýýardym. Ol barada men Korrä habar berýärdim, ol bolsa, gyz nobatdaky iş orderini almak üçin penjirejigiň öňüne gelende, onuň bilen ýekelikde gürleşip bilýärdi. Şeýlelik bilen biz ýuwaş-ýuwaşdan özümiziňki ýaly gyzyklanmalary bolan adamlardan kiçijik topar döretdik. Ol wagtlar Britan injilçisi Sidni Uilson Gollandiýada dynç günleri ýaşlaryň ýygnaklaryny geçirýärdi we biz olara gatnaşyp başladyk. Gretýe bilen bir konweýerde duran kör we erbet şikesli gyz — bu ýygnaklara biz bilen ilkinji bolup gatnap başlan işgär Ami bolmaly. Ami Braýliýa boýunça okaýardy we köp alyjylar üçin edil Braýliýa ýaly, ol kiçijik eljagazlary bilen harplary nähili dürtüşdirýändigini maňa görkezdi. Men hem şonuň ýaly ruçkany we Braýliýa elipbiýini satyn aldym we Aminiň çalasyn barmajyklary üçin hatjagazlary konweýerde goýýardym. Elbetde, Gretýe şonuň ýaly zady goýbermezdi. Hatarda işleýän gyzlaryň arasyndan Gretýe: «Ami — diýip gygyryp başlaýardy. — Bu gezek ol näme hödürleýär?» Ami bu gülküleri köp wagtlap hoşniýet bilen kabul edýärdi. Emma bir gün ýük ýüklenýän bölümden gelenimde, men onuň göz ýaşlaryny saklajak bolýan ýaly, onuň ak gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadýandygyny gördüm. «Näme üçin seniň beýle ynamly däldigiňe düşünýärin» — diýip, Gertýe ala-goh edýärdi. Ol meni gördi we gaharly ýylgyrdy. Ol: «Ami, garaňkyda ähli erkek adamlar birmeňzeşmi, hä?» — diýip gygyrdy. Men gapynyň öňünde doňup galdym. Şol gün irden hemişekiler ýaly işe barýan ýolumda men dileg edýärdim. Ol adamlara näme aýtmalydygyny Hudaýyň kömek bermegini dileýärdim. Meniň häzirki alan jogabym maňa şeýle bir duýdansyz göründi, hatda oňa ynanmak maňa kyn bolýardy. Şeýle bolsa-da, höküm şeýle aýdyňdy, men pikir etmezden oňa tabyn boldum. Men: «Gretýe, sem bol! — diýdim, — onda-da ýagşylyk bilen sem bol!» Gretýe şeýle bir geň galdy, hatda onuň eňegi hakykatdan-da aşak sallandy. Meniň özüm geň galdym. Emma men dowam etdirmelidim, ýogsam men ýolbaşçylygy ýitirmeli bolardym. Men gykylygym bilen äpet bölümiň şakyrdysyny basyp, Gretyeni öz yanyma çagyrdym. «Ruhgüni irden sagat dokuzda awtobus mesihileriň konferensiyasyna ugraýar. Men seniň şol ýerde bolmagyňy isleýärin». «Bolýar» — diýip, ol jogap berdi. Ol şobada jogap berip seslendi. Men häzir haýsy-da bolsa bir degişme bolar diýip, pikir etmegimi dowam edýärdim, indi eýýäm Gertýe gözlerini gyrpýardy, emma ony men soň aňşyrdym. Haçan-da men gutulary doldurmaga gidenimde, geň görmeli zat, bütin seh sem bolupdy, dym–dyrslykdy. Meniň oňa ünsüm çekildi. Hemmeler bolan zatdan ýeňil geňirgenmede boldular. Ruhgüni Gretýe awtobusdady. Ol meni gaty geň galdyrdy. Şeýle bolsa-da, ol ozalky Gretýe we ol diňe şol ýerde näme bolup geçjekdigini görmek üçin gidýändigini ol biziň hemmämize duýdurdy. Konferensiýada Gretýe özüne ynamly bolup galdy. Adamlar Hudaýyň öz durmuşlaryny üýtgedişi hakynda gürrüň berýärdiler. Bu barada wagtal-wagtal Gretýäniň düşündirişini eşitmek bolýardy. Gretýe ýygnaklaryň arakesmesi wagtynda nähilidir bir žurnaly okaýardy. Dynçgüni agşam awtobus bizi ýene-de Alkmara getirdi, men öz tigrimi şol ýerdäki ulagjaýda goýýardym. Gretýe goňşy Witte şäherjiginde ýaşaýardy. Men tigriň ýük goýulýan ýerinde meniň bilen bile gitmäge razy bolarmyka diýip pikirlendim. Bu onuň bilen şaýatsyz gürleşmäge amatly ýagdaýdy. «Gretýe, meniň seni öýüňize tigirli äkitmegimi isleýärsiňmi? Awtobusa puluňy tygşytlarsyň». Gretýe dodaklaryny gyşartdy we awtobus biletini tygşytlamak üçin onuň bilen gitse bolarmyka diýip hasaplap görýändigine men düşündim. Ahyry ol eginlerini gysdy we goş goýulýan ýerde oturdy. Men Korrä göz gypdym we biz ugradyk. Biz şäherden çykan badymyza men Gretýe bilen Hudaý barada gürrüň etjek bolup synanyşdym. Emma meniň geň galmagyma görä, ol aýdyň buýruk berdi: «Din barada bir söz hem aýtmaly däl. Tebigatdan lezzet alaly». Men dogry eşidendigime kynlyk bilen ynandym. Emma diýenini etdim. Men öz ýesirime ýolda barýan wagtymyz din barada bir söz hem aýtmadym. Biz gülli meýdanlaryň ýanyndan geçip barýarkak, men olar barada gürrüň edýärdim we onuň uruş döwri çigildemiň köküni iýendigini bildim. Haçan-da biz onuň köçesine baranymyzda, ol meni ýylgyrma bilen sylaglady. Indiki gün Korri meni jadyly ýylgyrma bilen garşylady. «Sen Gretýä näme diýdiň?» «Adatdan daşary bir zat bolan bolmasyn!» «Sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?» Men bir söz hem aýtmadym. Şeýle bolsa-da, bütin säheriň dowamynda hakykatdan-da Gretýe hapa degişmeleriniň birini hem aýtmady. Şol gün Ami şokoladly gutyny ýere gaçyrdy. Dargap ýatan şokoladlary ýygnamaga kömekleşmek üçin, hut Gretýe onuň ýanynda durup dyzyna çökdi. Nahar wagty ol öz mejmesini meniňkiň yanynda goýdy. «Seniň ýanyňda oturmak bolarmy?» «Elbetde». «Bilýärmiň, näme barada pikir etdim men — diýip, Gretýe başlady. Meniň Isa Mesihi kabul etmekligim üçin, olaryň öz ýygnaklarynda aýdyşlary ýaly, sen maňa basyş edersiň diýip pikirlenýärdim. Men ony diňlemek islemeýärdim. Emma sen hiç bir söz aýtmadyň. Indi bolsa... Haýyş edýärin, gülme». «Elbetde, gülmerin». «“Men şeýle aşak, pese düşendirin diýip, Andreý öýdýärmikä? Näme, maňa yzyma dolanmaga ýol ýokmuka? Şonuň üçin hem ol şu mowzuk barada meniň bilen gürleşmek islemeýändir?” — diýip, men pikir edip başladym. Dogrudan hem men mümkin aşak, pese düşendirin. Eger-de men ondan toba etmegi sorasam, Hudaýyň eşidesi gelermikä? Oglanlaryň tassyklaýyşlary ýaly, hemmesini täzeden başlamaga maňa Hudaý rugsat berermikä? Nähili bolsa-da, ol barada men Ondan haýyş etdim. Bu gülkünç dilegdi, emma men çynlakaý gürleýärdim. Bilýärmiň näme, Andi, men aglap başladym. Men bütin gijäni aglap geçirdim. Emma şu gün irden men özümi duýşuma diýseň haýran galýaryn». Bu özümiň gören tobalarymyň ilkinjisidi. Bir gijede Gretye başga adam boldy. Ýa-da has takygy, ol ozalky adamlygyna galdy, emma ozalky kemçiliksizliginde. Ol ýolbaşçy bolup galypdy, şeýle-de ol hemişe samraýardy. Emma nähili tapawut bilen! Haçan-da Gretýe edepsiz wakalary gürrüň bermegini gutaransoň, beýleki gyzlar hem bu mowzukdaky gürrüňi bes etdiler. Fabrikde dileg ediş topary hereket edip başlady. Gretýe onuň geçirilmegi üçin jogap berýärdi. Eger-de biriniň çagasy kesellese ýa-da adamsy işsiz galsa, Gretýe ol barada bilýärdi we umumy kassa pul geçirmedik adamyň dat gününe. Bu gyzyň üýtgemegi hakykatdan-da çuň bolupdy. Bu üýtgeşiklige Onuň maňa ygtyýar berendigi üçin her gije Wittede üçekde yatjak bolanymda Hudaýa alkyş edýärdim. Fabrik tanar ýaly bolmady. Bularyň hemmesi meniň gulak asmagymyň netijesinde boldy. Bir gezek men tigirli esasy derwezeden geçjek bolanymda, meni garaşylmadyk sowgat garşylady. Korri: «Jenap Ringers seni görmek isleýär» — diýdi. «Jenap Ringers — belki, men ýeňil kellelik edendirin, belki-de, ol iş wagty meniň dini wagzy geçirýändigimi bilendir. Kätip direktoryň kabinetiniň gapysyny açdy. Jenap Ringers teletinli äpet kürsüde otyrdy. Ol eli bilen maňa garşy tarapy görkezdi, men oturgyjyň iň gyrasynda oturdym. «Andreý, iki hepde mundan ozal geçiren psihologik barlaglaryňyz siziň ýadyňyzdamy?» — diýip, jenap Ringers sorady. «Hawa, jenap». «Bu barlaglar siziň örän ýokary akyl ýetirişiňiziň derejesine erk edip bilýändigiňizi görkezýär». Ol derejeler barada men hiç zat bilmeýärdim, emma ol ýylgyransoň, men hem ýylgyrýardym. Ol: «Biz sizi menejerlik okuwyna ugratmak kararyna geldik» — diýdi. Men siziň iki hepdelik rugsat almagyňyzy isleýärin. Fabrigi aýlanyp görüň we hemme işleriň görnüşleri bilen tanyş boluň. Haçan-da siz nämäni halaýandygyňyzy tapsaňyz, biz sizi şol ýere taýýarlap başlarys. Haçan-da men ozüme gelemsoň: «Haýsy işiň maňa ýaraýandygyny eýýäm bilýärin — diýdim. Men barlaglary dolduranymdan soň, özüm bilen gepleşýen adamyň wezipesini eýelemek isleýärin». Jenap Ringers: «Işgärler psihoanalitigi», — diýdi. Onuň gözüniň ýiti garaýşy meniň gözüme dikildi. Ol: «Eger-de biz din mowzugyna geçsek, siz garşy çykmarsyňyz diýip çaklaýaryn» — diýdi. Men çendenaşa gyzaryp başlanymy duýdum. Ol: «Hawa-da, ol ýerde — ýokarda siz adamlary ynama getirmegiň uly işlerini ýerine ýetirýärsiňiz, — diýdi. — Üstüne goşsam, hereketleriňiziň bu görnüşi şokolad öndürenden has wajyp, diýip men hasaplaýaryn». Ol meniň ynjalanymy görüp ýylgyrdy. «Andreý, siziň ony ýa-da beýleki işi etmezligiňiz üçin hiç bir sebäp göremok. Eger-de siz fabrige üstünlikli ýolbaşçylyk etmäge maňa kömek etseňiz, şonuň bilen birlikde, Hudaýyň Patyşalygy üçin işgär toplasaňyz, onda men hoşal bolardym». Tile meniň täze işimden hoşaldy. Bu iş meni gyzyklandyrar we men özümiň wagyzçylyk baradaky pikirimi ýadymdan çykardar diýip umyt edýärdi. Emma men başarmaýardym. Meniň wezipäm maňa ýaran bolsa-da, nämedir näbelli bir keç ykbalyň has artyk erjeldigini duýýardym. Ringersiň teklibine jogap edip we psihoanaliz okuwyny öwrenmäge mümkinçilik bolany üçin, men fabrikde ýene iki ýyl işlemäge razylyk berdim. Haçan-da bu wagt geçensoň, özümiň bu ýerden gitmelidigime men düşündim. Men bu barada berk karara gelemsoň, Tile jedel etmesini goýdy we maňa kömek edip başlady. Ol Gollandiýanyň reformat ýygnagyna gatnaýardy. Ol ýygnak köp wagyzçylary daşary ýurtlara iberýärdi. Tile bu gulluga näme gerekdigini wagyzçy boljaklaryň her birinden soraşyp yazdy. Hemmelerden bir jogap geldi: wagyzçy bolmak üçin ilkinji nobatda eliňi goýup, pata bermeklik ýaly dessurlaryň düzgünlerini geçmek gerek. Emma, haçan-da men Gollandiýanyň reformat ýygnagynyň seminariýasyna hat ýazanymda, uruş döwründe goýberen orta mekdebiň birnäçe synplarynyň maksatnamasyny geçmek üçin, maňa on iki ýyl gerek boljakdygyny bildim. Onuň üstesine dini taglymatlary almalydym. On iki ýyl! Meniň elim sowady. Şeýle bolsa-da, derrew men gaýybana kursa okuwa girdim. Kitaplary tapmak iň kyn meseledi. Mende hiç bir tygşytlanan zat ýokdy. Indi haçan-da Gretýe fabrikde hil taýdan işgärleri toplamaga jogap berýärkä, Geltýe jaýy saklamak üçin sowmadyk hemme pullaryny tiz harçlaýardy. Men çilim cekip, kitap toplamagyň çözgüdi barada oýlanýardym. Birden bu soragyň jogabyny men elimde saklaýandygyma akyl ýetirdim. Men inçejik ak taýajyga seretdim, onuň ujundan burugsap ýeňiljek tüsse towlanýardy. Her hepdede men olar üçin näçe harçlaýaryn? Men hasaplap gördüm we ol meni geň galdyrdy. Hepdede bir kitap almak üçin birkemsiz ýeterlik. Şol işleriň tomlaryny özüme satyn almak üçin, kitap dükanlarynyň zallarynda okaýan birnäçe sahypajygym üçin ýeterlik. Taşlamak ýeňil däldi. Pikir edýärin, her bir gollandiýaly ýaly çilim çekmegi men hem halaýaryn, sebäbi biziň üçin bu däp. Şeýle bolsa-da, men taşladym we meniň kiçijik stolumyň üstünde ýuwaş-ýuwaşdan kitaphana döräp başlady. Nemes grammatikasy, iňlis grammatikasy, ýygnagyň taryhynyň tomy, Injiliň düşündirişi. Injil we sena ýygyndysyndan başga, biziň maşgalamyzda peýda bolan bu ilkinji kitaplardy. Iki ýylyň dowamynda her bir boş wagtym okaýardym. Haçan-da hanym Mekle meniň näme bilen meşgullanýanymy bilensoň, ol iňlis dilini öwretmegi maňa teklip etdi we oňa men höwes bilen razy boldum. Ol ajaýyp mugallymady — haçan-da men ruhdan düşenimde meni höweslendirýärdi, haçan-da meniň öz güýjüm çäkli bolanda, özüniň ruhubelentligi bilen ruhumy göterýärdi. Onuň sözleýiş aýdyşlary ejemiň radiosyndan eşidenlerimden üýtgeşik bolsa-da, men olary zaýalanan elektronikadan hasaplaýardym we hanym Mekleniň aýdýan iňlis sözlerini yhlas bilen gaýtalaýardym. Emma şeýle bolsa-da, hanym Mekle men öz bilimimi tamamlaýanyma begenýärdi. Ol meniň gullugyma her niçik-de bolsa, beýle ynamly däldi. «Sen hakykatdan-da, adamlara kömek etmek üçin saňa el ýagdaýy gerekdigi barada pikirlenýärmiň?» — diýip sorayardy. Sen ýigrimi dört ýaşyňda. Haçan-da sen ýaňy başlanyňda, şeýle çaltlykda sen otuzdan geçersiň. Wagyzçylyk guramalarynda ýönekeý adamlar üçin hem iş ýeri ýeterlik. Andreý, men hiç bir zady öwüt beremok. Men diňe sorag berýärin». Elbetde, men her gün diýen ýaly şu soraglary öz-özüme berýärdim. Bir gezek dynç güni men bu barada Sidni Uilson bilen pikir alyşdym. Onuň ýygnagyna Ringersiň fabriginden köpler gatnaşýardy. Şoňa görä-de biz bütin zaly özümiz üçin kärendesine aldyk. Haçan-da men oz meselelerim barada arz edenimde we formal bilim alşym hakynda aýdanymda ol gülüp başlady. «Siz WEC-iň işgäri hökmünde gepleýärsiňiz» — diýdi. «WEC?» «Bütindünýä wagyzçylyk hereketi (Worldwide Evangelization Crusade), — diýdi. — Bu iňlis guramasy. Ýygnaklarda işläp taýýarlamadyk maksatnamalaryny amala aşyrmadyk ýurtlarda adamlary wagyzçylyk işine taýýarlaýarlar. Olar hem wagyzçylary taýýarlamagyň möhletiniň uzakdygy üçin zeýrenýärler. Ol wagyzçylyk guramalarynyň ýygnaklaryň býujet puluna durýandygyny düşündirdi. Adatça, wagyzçylar geňeşi olarda haçan puluň boljakdygyna garaşýar, ýa-da, iň bolmanda, haçan olar ol pullaryň nireden gelendigini bilerler. Diňe şondan soň, olar wagyzçylar ibermäge taýýar. Emma WEC-de däl. Hudaý adamy haýsy bolsa-da, belli bir ýerde gulluk etmäge çagyrýanyny eger olar görýän bolsalar, wagyzçyny üpjün etmek işinde Hudaýa sygynyp, ony ol ýere ugradýarlar. Hudaý bu barada aladalanar. Uilson: «Edil şonuň ýaly olar adamalara garaýarlar, olary wagyzçylar hökmünde iberýärler, — diýdi. — Eger-de olar adamda şeýle işe hakyky höwesiň barlygy barada pikirlenýän bolsalar, onuň ylmy derjesi barmy ýa-da ýok, olary hiç zat gyzyklandyrmaýar. Iki ýylyň dowamynda olar ony öz mekdeplerinde taýýarlaýarlar, soňra gulluk etmäge ugradýarlar». Bularyň hemmesi maňa ýaraýardy, emma men maliýe tarapdan özümi gaty bir ynamly duýmaýardym. Men birnäçe adamy bilýärin, olar öz mätäçlikleri üçin «Hudaýa sygynýarlar», netijede bolsa, olaryň birnäçesi hakykatdan-da dilegçi boldular. Olar ýalbaryp açyk pul soramaýardylar. Olar diňe yşarat edýärdiler. Olary Wittede «yşarat edýän wagyzçylar» hökmünde tanaýardylar we olar barada gürrüň edýärdiler. Olar hapysa we mynasyp däl görünýärdiler. Eger-de Isa Mesih Patyşa bolan bolsa, olar onuň şägirtleri bolsalar, onda onuň ýaly ýagdaý göz-görtele Asman Patyşasynyň gaznasynyň haýryna däldigini aýdýardy. Nähili geň görmeli bolsa-da, Kesiň hut özi dini wezipäni kabul etmek üçin ol köp ýyllap okady. Jenap Uilsonyň maňa aýdyşy ýaly, ol hemmelerden köp gyzyklanýardy. «Öz ýanyňyz bilen ýola iki egin-başam, aýakgabam almaň» — diýip Kes Ýazgydan bölek getirdi. Diniň taglymatçysynyň garaýşyna görä, bu sagdyn gözýetim. Meniň WEC barada köpräk bilesim gelýär». Birnäçe aýdan soň, bize şeýle mümkinçilik döredi. Bir gezek Ringersiň fabrigine Sidni Uilson jaň etdi we Harleme WEC-iň ýolbaşçylaryndan adam geldi diýdi. «Andi, onuň ady Jonson. Näme üçin ol bu ýerdekä, sen onuň bilen görme-görüş etmeli däl?» Indiki hepde men tigirli Harleme ugradym. Hemmesi meniň göz öňüme getirişim ýaly eken. Jenap Jonson biçak ýigrenjidi, onuň geýimleri bolsa wagyzçylyk maliýesiniň ýagdaýyna şaýatlyk edýärdi. Emma haçan-da ol bütin dünýäde wagyzçylaryň näme edýändikleri barada gürrüň berýärkä, onuň sülleren ýüzi janlandy. Ol Glazgodaky, Şotlandiýadaky wagyzçylyk mekdebine we onuň mugallymlaryna has köp, mese-mälim buýsanyardy, olaryň köpüsi aýlyksyz işleýärdiler. Ol ýerde dini taglymatçy professorlar, ekzegetikler we beýleki akademiki ylymlylary bardy. Ýöne mugallymlaryň arasynda, şeýle-de, gurluşykçy işçiler, slesarlar, elektrikler we beýlekiler hem bar. Şoňa görä ýygnaklaryň ozal hiç wagt bolmadyk ýerlerinde, olary döretmek üçin talyplary taýýarlaýardylar. Ol: «Emma bu esasy zat däl, — diýdi. — Mekdebiň esasy maksady şulardan ybarat — mümkin boldugyça, talyplardan hakyky mesihileri terbiýeläp ýetişdirmek». Wittä dolanan badyma, men Kesiň ýanyna gitdim. Biz tigirli gezelenje gitmeklik kararyna geldik. Kesiň soraglary ýitidi hem-de oňaýlydy: ol şeýle soraýardy, göýä ertir hemme zady taşlamaga taýýardy we mekdebe ýazyljakdy. Okamak üçin näçe tölemeli? Indiki täze okuw ýyly haçan başlanýar? Daşary ýurt dillerini bilýänligiň talaby nähili? Bular maňa beýle gyzykly däldi, şoňa görä-de men soramaýardym. Men Kese WEC-iň ştabynyň Londondaky salgysyny berdim we täzelige garaşyp başladym. Meniň bilşim ýaly, olary hökman eşiderin. Elbetde, bu dogry welin, birnäçe günden soň Kes eýýäm azda-kände bilimi bolansoň, ony derrew okuwa kabul etdiler. Indi men Ringersiň fabriginden dolanyp gelýärkäm, onuň Glazgodan gelen begendiriji hatlarynyň bir petdesi maňa garasyaýardy. Olarda ol öz durmuşy, öwrenýän derslerini, mesihilik durmuşyndaky edýän açyşlary barada ýazýardy. Men eýýäm fabrikde jenap Ringerse beren wadamdan köp wagt boldum. Bu WEC mekdebi mese-mälim maňa-da ýaraýardy. Şeýle bolsa-da, men yza çekýärdim. Hemme zat meniň garşyma bolýan ýalydy. Maňa Kesiň bilimi ýetmeýärdi. Meniň topugym agyrýardy — men ony başgalardan gizläp bilmeýärdim, emma hakykat hakykatlygyna galýar. Eger-de men aýagymyň agyrsyna uzak bolmadyk ýoly hem ýöräp bilmesem, nähili wagyzçy bolup bilerin. Emma men wagyzçy bolmak isleýärinmi ýa-da bu hyýaly arzuwmy, men ony özüme oýlap tapdymmy? Men Sidni Uilsonyň dileg etmek sözüni ulanyşyny ýygy-ýygydan eşidýärdim. Ol joşgunly we üznüksiz dilegiňe jogap alýança ony göz öňünde tutýardy. Men hem öz dilegimiň soragyny synap görmegi karar etdim. Bir gezek 1952-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň dynç günlerinin birinde men Polderä gitdim, ol ýerde men sesimiň eşidiljeginden gorkman, sesime bat berip dileg edip bilýärdim. Men ýabyň kenarynda oturdym we Tile bilen gürrüňdeş bolşum ýaly, Hudaý bilen ýöne gürleşip başladym. Men bütin dynç güni agşama çenli obada kofe içýänçäler we çilim çekýänçäler, hemme wagt gürleşdim. Nähili bolsa-da men şeýle-de düşünmedim: Hudaýyň maňa näme taýýarlandygyny men takyk bilýärinmi? «Hudaý, bu näme? Meni näme saklaýar? Seniň maňa öňünden taýýarlan gullugyndan garaşar ýaly men nähili delil tapdym?» Ine, şol ýerde ýabyň kenarynda men birden jogap aldym. Meniň Hudaýa «hawa» sözümiň hemişe «emma» görnüşinde dowamy bardy. «Hawa, Hudaýjan, emma meniň bilimim ýok. Hawa, Hudaýjan, emma men agsak». Ine şonda men, bir demde: «Hawa» diýdim. Men ony ozalkylardan düýbünden başgaça hiç bir gizlin manysyz aýtdym. «Taňrym, men gidýän, ähmiýeti ýok, dini wezipä kabul edildimmi ýa-da WEC mekdebine giripmi, ýa-da Ringersiň fabriginde galyp işlemelimi. Saňa nähili amatly bolsa, haçan isleseň, men nirä gitmeli bolsam giderin. Taňrym, edil şu minutdan başlap, haçan-da men häzir şu ýerden turup we öňe ädim ätsem, men Saňa doly boýun synmak ýolunyň ilkinji ädimini ätdigim hasap etse bolarmy? Men ony tabynlyk ädimi diýip atlandyraryn». Men turup, uly ädim ätdim. Edil şol wagt men, agsak aýagymda ýiti agyryny duýdum. Men agyrýan topugym çykandyr öýdüp elheder etdim. Men agyryly aýagymy örän seresap ýere goýdum. Emma bu näme? Men onuň üstünde birkemsiz rahat durup bilýärdim. Näme boldy? Men ýuwaşlyk bilen we örän seresap öýe ugradym. Ýolda barýarkam, meniň kelläme birden Mukaddes Kitapdan bir aýat geldi. «Haçan-da olar barýarkalar, arassalandylar». Ilkibada men bu aýadyň niredendigini ýadyma salyp bilmedim. Soňra men pis açanlaryň onusynyň taryhyny ýadyma saldym we olar ruhanylaryň ýanlaryna barýakalar, ýolda Isanyň buýruk bermegi bilen, gudrat bolup geçdi: «Haçan-da olar barýarkalar, arassalandylar». Aý ýokla? Be, men hem arassalandymmykam? Ol agşam men Witteden alty mildäki ybadathanada ybadat etmäge gatnaşmalydym. Adatça, men tigire münýärdim. Emma ol ýütgeşik gündi. Şol gün men ýygnaga bütin ýoly pyýadalap gitmegiň kararyna geldim. Men şeýle hem etdim. Haçan-da öýümize gaýtmaly wagt bolanda, meniň dostum motosiklde meni äkitmegi teklip etdi. «Bu gün däl, sag bol. Men pyýada gideýin diýip pikirlenýärin». Ol öz gulagyna ynanmady. Hakykatdan-da meniň şol ýygnakda bolanyma, dogrudanam, meniň maşgalam hem ynanyp bilmedi. Sebäbi olar meniň tigrimiň howluda duranyny görüp we men öýde galandyryn öýdüpdirler. Beýleki gün men şokolad fabriginde her bir täze kabul edilen işgäri gürrüňdeşlikden soň, onuň täze iş ýerine çenli ugradýardym. Ozallar men hemişe kürsüde oturýardym. Günortana golaý meniň topugym gijäp başlady. Haçan-da men köne ýaranyň agzyny sypalanymda deriniň arasyndan iki sany düwme peýda boldy. Hepdäniň ahyrynda hiç wagt doly gutulmaýan ýaranyň agzy, ahyr soňy ýapyldy. Indiki hepdede men Glazgodaky wagyzçylyk WEC mekdebine kabul etmekleri üçin resmi arza gowşurdym. Bir aýdan soň jogaby geldi. Eger-de umumy ýaşaýyş jaýda ýer bolsa, men 1953-nji ýylyň Magtymgyly (maý) aýynda okuwa başlap biljekdim. Korriniň hem täzelikleri bardy. Ol şepagat uýalaryny taýýarlaýan okuwa ýazyldy. Ringersden gidýärdi. Ol iň soňky gün işleýärdi. Men onuň begençden ýaňa ýalpyldap duran gözlerine seretdim we olaryň goýungözdügine göz ýetirdim. Biz bir minutlyk el-ele berdik we ondan soň hoşlaşdyk. Meniň öňümde duran mesele meni has beter gorkuzýardy. Wagyzçylyk mekdebine girenimi men Tilä nähili aýtmaly, ony hiç kim göz öňünde tutmaýardy, ony hiç bir gurama goldamaýardy we öz berýän ylmyny tassyklap bilmeýärdi. Biz Tile bilen Gorkumyň gämi duralgasynda gezelenç edip, hasratly güni geçirdik. Ol az gürleýärdi. Onuň hemme soraglaryna we delillerine mende jogap bardy. Emma jedelleşmegiň deregine, ol boldugyndan beter dymýardy. Haçan-da men öz aýagymyň gutulanlygy barada ýatlanymda, ol ýekeje gezek gaharlandy. Ony men kiçijik gudrat atlandyryp ýalňyşlyk goýberdim. «Ýeri Andreý! Munuň has artyk degýär, — diýip, ol gahardan ýaňa sandyrady. — Köp adamlarda şikes we maýyplyk bolýar, haçan-da olar özlerini oňat duýup başlanlarynda, olaryň hiç birisi ýabany arzalar bilen ylgamaýar». Şol gezek men Tileniň maşgalasy bilen nahar edinmäge galmadym. Meniň maksatlarym bilen öwrenişer ýaly, olara wagt gerek diýen karara geldim. Hemme iş şundan ybaratdy. Tilä wagt gerekdi. Meniň mamladygyma ol ýuwaş-ýuwaşdan düşüner. Şeýle-de bolsa, gitmek üçin men pul toplap başladym. Mende bolan bar zatlary — tigri, gymmat baha kitaplaryň toplumlarynyň hemmesini satdym. Bu pullara men Glazgo gitmezden ozal, Londona barmak üçin bilet aldym. Ol ýerde WEC-iň direktory bilen duşuşmalydym. Haçan-da men bilede pul tölänimde, birinji semestre tölemek üçin britan funtunyň otuzdan azajyk köprägi galypdy. Londona men 1953-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 20-sine gitmelidim. Emma meniň durmuşymda yzly-yzyna üç waka bolup geçdi. Olardan meniň başym aýlanyardy. Ilkibada Tileden hat geldi. Ol öz ýygnagynyň wagyzçylar geňeşine hat ýazandygy barada maňa habar berýärdi we Glazgodaky mekdep barada olaryň öz pikirlerini aýtmaklaryny soraýardy. Olar oňa mekdep akkreditirlenen däl, ol wagyzçylyk guramasy bilen baglanşykly bolan aýratyn okuw jaýynyň şahamçasy hasaplanmaýar diýip jogap berdiler. Şeýlelik bilen, Tile eger-de men şol topar bilen bagly bolsam, ol meni şol döwürde ne göresi, ne-de eşidesi gelýändigini tekrarlady. Ol özuniň gysgajyk hatynyň aşagynda «Tile» diýip gol çekipdir. Ol «Söýýärin, Tile» dälde, ýöne «Tile» ýazypdyr. Men gapynyň agzynda elim bukjaly munuň nämäni alamatlandyrýandygyny düşünjek bolup durdum. Birden hanym Mekleniň kiçijik köprüden gecenini we biziň öýümize tarap gelýänini gördüm. «Andreý, men saňa nämedir bir zat aýtmaly, — diýip, ol çagyrdy. — Men muny ozal aýtjak bolup ýördüm. Emma nähili aýtjagymy bilmeýärdim». Ol uludan demini aldy we ýaryldy. «Bilýärmiň name, Andreý. Dogrudan hem men iňlis gepleşigini eşitmändim. Emma men köp okaýardym — gyssagly ol üstüne goşdy — we Angliýa ýazýan şol hanymym meniň grammatikam ajaýyp diýýär. Ol özüni ýitirip sem boldy. «Men seni ol barada habar etmegimiň gerekdigini pikirlenýärdim» — ol pasyrdap uçup gitdi. Bu iki habary men özleşdiryärdim, şondan iki günden soň, Londondan telegramma geldi: «Gynansak-da, habar berýäris, siziň üçin yer boşamady. Siz 1954-nji ýylda gelip bilersiňiz». Yzly-yzyna üç urgy. Mekdepde meniň üçin ýer ýok. Ol ýerde okuw iňlis dilinde geçirilýär, şeýle-de men ol dilde gepläp bilmerin öýdýärin. Eger-de men gidäýenimde-de, men öz söýgülimi ýitirerin. Meniň Glazgo gidýän ýolumda hemme oý-pikirler böwet bolup durdy. Şeýle-de bolsa, meniň içimde hemme adamzadyň hasaplamasyna we oý-pikirine biperwaý, hiç wagt ýalňyşmaýan, ýuwaş hem-de açyk ses maňa «Git» diýýän ýalydy. Ol ýatda galan harasatly gije meni çagyran sesdi, fabrikde meni gepleden sesdi, ol logiki düşündirişi mümkin bolmadyk buýruk beriji sesdi. Indiki gün men Martýe bilen Geltýeni ogşadym, kakamyň we Korneliusyň elini gysdym we aşak awtobusa tarap ylgadym. Ol meni şu wagta çenli dowam edýän syýahata äkitdi. Altynjy bap PATYŞALYK OÝNY Men elimde gazet saklap, Londonda otludan düşdüm, onda WEC-iň ýerleşen ýeriniň salgysy ýazylgydy. Menziliň ýanynda uly gyzyl awtobuslar we beýik gara taksiler işjeň aýlanýardylar. Men poliseýiň ýanyna bardym we gazeti oňa uzadyp, ondan şu salga nähili barmalydygyny soradym. Ofiser gazeti aldy we oňa seretdi. Onsoň kellesini ýaýkady. Ol birnäçe minutyň dowamynda, has düşnükli bolar ýaly, eli bilen gitmeli ugrumy görkezdi. Men onuň aýdýanlarynyň bir sözüne-de düşünmän, geň galmak bilen oňa seretdim. Men özümi ýitirip, gazeti ondan aldym we «sank ýu» (thank you) «sag bol» diýdim (iňlisçe ýoýulyp aýdylan söz) özüniň başdaky düşündirişinde eli bilen görkezen tarapyna ugradym. Men beýleki poliseýlerden hem soramaga synanyşdym, emma netijesi şonuň ýaly oňaýsyz boldy. Mende eke-täk çykalga bardy: men gymmatbaha daşary ýurt pulumy taksi üçin harçlamaly boldum. Men ýoluň gyrasynda duran boş taksini tapdym, gazeti sürüjä gowşurdym we ol ýoluň çep gapdaly bilen çalt ugranda gözümi ýumdum. Ol birnäçe minutdan soň, uly jaýy görkezdi. Ol jaý düýpli abatlaýyş işlerini talap edýärdi. Men çemodanymy aldym-da, basgançaklardan galdym we jaňyň düwmesine basdym. Gapyny bir aýal açdy. Men oňa özümiň kimdigimi, näme üçin gelendigimi yhlas bilen düşündirdim. Hanym maňa parhsyz garaýyş bilen seretdi. Meniň habarymyň mowzugyny ol hatda uzakdan hem duýmady. Ol eli bilen maňa otaga girmegimi yşarat etdi. Dälizde arkasy göni beýik oturgujy görkezdi-de, sumat boldy. Ol erkek adam bilen dolanyp geldi. Ol az-owlak golandça bilýärdi. Men ýene bir gezek kimdigimi we näme üçin gelendigimi düşündirdim. «Wah, hä, elbetde. Eýsem siz biziň telegrammamyzy almadyňyzmy? Biz üç gün mundan ozal: «Häzir mekdepde ýer ýok» diýip size telegramma ýollapdyk. «Men telegrammany aldym, ser» «Şeýle-de bolsa geldiňizmi? Erkek adamyň ýylgyryşyny görüp, men begendim. Men: «Wagt geler, şonda ýer hem boşar, — diýdim, — oňa men ynanýaryn. Men taýýar bolmak isleýärin». Erkek adam ýene-de ýylgyrdy we maňa garaşmagy tabşyrdy. Haçan-da ol dolanandan soň, täzelik getirdi, oňa men garaşýardym. Az wagtlaýyn men işlemek şerti bilen, okuw jaýynda galyp bilýärdim. Meniň durmuşumyň iň agyr iki aýy şeýdip daşary ýurtda başlandy. Meniň ýerine ýetirmeli fiziki işim kyn däldi. Men WEC-iň jaýyny reňklemelidim. Haçan-da men merdiwanlara öwrenişenim soň, men öz işimden lezzet alyp başladym. Men hatda patyşa Elizaweta täç geýdirmeklik mynasybetli baýrama-da gitmedim. Biziň işgärlerimiz yzygiderli gygyryşýardylar we aşak düşüp telewizorda täç geýdirilişini görmäge çagyrýardylar. Emma men öz oturan ýerimi makul bildim. Ol erden maňa jaýlaryň üstündäki baýdaklar we şäheriň üstünde dürli maşklary ýerine ýetirýän uçarlar görünýärdi. Iňlis dilini öwrenmeklik bu iki aý örän çetin boldy. Men dil öwrenjek bolup, şeýle bir yhlas bilen işleýärdim, hatda meniň kelläm hemişe agyrýardy. WEC-iň işgärleri asudalykda Injili okamaklyk we işden öň dileg etmeklik üçin ertirlik naharyndan örän ir turýardylar. Bu olaryň «imisala säher wagty» atlandyrýan tejribesidi, hiç kim bir söz hem aýtmaýardy. Men ony örän halaýardym. Guşlaryň ilkinji jürküldisine oýanýardym, geýinýärdim we elim iki kitaply baga çykýardym. Olaryň birisi iňlis Injilidi, beýlekisi hiç bir şübhesiz, sözlükdi. Bu örän oňat tehnikady. Emma onda käbir kemçilikler bardy. Meniň şol döwürdäki iňlisçäm Injilden ulanyşykdan galan şeýle sözlerden we aňlatmalardan doludy. Mysal üçin, «hakykatdan, hakykatdan men saňa aýdýaryn». Bir gezek stoluň başynda men goňşymyň haýyşyny, oňa ýag alyp bermegini şeýleräk aýdyp berdim: «Andreýiň goňşusy şeýle aýdýar, eger-de saňa gerek bolsa, ýagy gowşurup bilermiň». Emma men owrenýärdim. Angliýa gelenime bir ýarym aý geçensoň, müdir agşamky dilegi etmegimi sorady. Ýedi minut geçensoň, meniň öwrenen iňlis sözlerim gutardy we men oturdum. Iki hepdeden soň, ýene bir gezek dileg etmegimi menden soradylar. Bu gezek men Isanyň Injildäki sözüni, Ierihonyň ýolunda köre Onuň aýdan sözlerini saýlap aldym: «Seniň ynamyň seni halas etdi». Bu oýlanyşylmadyk hereketdi, gollandiýaly üçin näletleýjidi («th» utgaşdyrma sesi geçirmek göz öňünde tutulýar: «Thy faith hath saved thee» bu sesiň aşa köplügidir). Men: «Teniň ynamy teni hasas etdi» — diýdim we soňra on dört minutyň dowamynda hemme ýygnananlaryň uly begençleri astynda öz garaýşymy düşündirjek boldum. Meniň kiçijik wagzym gutaran soň, hemmeler meniň daşyma üýşdüler. Olar begenç bilen meniň egnime kakyp: «Andi, sen has oňat gepleýärsiň — diýýärdiler. — Biz hemmesine diýen ýaly düşündik. Tutuş on dört minut! Oňki gezekkiden iki esse köp. «Şeýle, bu biziň gollandiýalymyz... Meniň pikirimçe, onuň wagzy hakykatdan-da ajaýyp boldy». Ses otagyň uzakdaky burçundan eşdildi. Gapynyň agzynda orta ýaşlaryndaky saçy seýreklenen, dolmuş we ýaňaklary gyzaryp duran adam durdy. Ony men ozal görmändim. Onuň gözleriniň uçganaklaýşy meni geň galdyrdy. Ol bir ýakymsyz zady oýlap tapýan ýaly, gözlerini çalaja ýumýardy. WEC-iň müdiri: «Andreý, belki-de, sen Uilýam Hopkins bilen tanyş dälsiň» — diýdi. Men täze gelen adamyň ýanyna bardym we oňa elimi uzatdym. Uilýam Hopkins özuniň uly elleri bilen görüşdi we elimi şeýle bir gysdy, hakyky salamlaşmagyň nämedigine men şonda düşünip galdym. Jenap Hopkins: «Ol diýseň gujurly görünýär, — diýdi. — Egerde biz oňa kagyz tapsak, onuň hemme zady oňat bolar diýip pikirlenýärin». Men aljyraňňy ýagdaýda görünýän bolmaga çemelim. Sebäbi meniň okuw jaýynyň ýerini boşatmaly boljakdygymy müdir maňa düşündirip başlady. Men jaýy reňkläp gutardym. Meniň ýerime WEC-iň wagyzçylarynyň biri gelýärdi. Eger-de jenap Hopkins Beýik Britaniýada işlär ýaly meni gerekli resminamalar bilen üpçün edip bilse, men Londonda galyp bilerin, Glazgoda okamak we kitaplary almak üçin gazanç edip başlaryn. Haçan-da amaly häsiýetli meseleler dörände, bu işde hemişe Uilýam Hopkinse ýüz tutýandyklaryny men bildim. Jenap Hopkins: «Andreý, goşlaryňy ýygna, meniň oguljygym — diýdi. — Men seni tä iş tapýançaň, öz maşgalamyň arasynda ýaşamaga çagyrýaryn». Men derrew öz goşlarymy ýygnadym. Men diş çotgam bilen sagkal syrýanymy ýygnaýarkam, WEC-iň işgärleriniň biri maňa jenap Hopkins barada biraz gürrüň berdi. Ol işi şowuna bolýan potratçydy, emma şeýle bolsa-da, garyp ýaşaýardy. Ol öz girdejileriniň ondan dokuzysyny dürli wagyzçylar guramalarynyň mätäçlikleri üçin berýärdi. WEC onuň köp sanly aladalarynyň biridi. Birnäçe minutdan soňra, men WEC-iň işgärleri bilen hoşlaşyp, gapynyň girelgesiniň öňünde durdum. «Andi, jaý ajaýyp görnüşe eýe bolypdyr» — diýdi-de, müdir meniň elimi gysdy. «Dank ýu». «Hany, akylly-başly gürle — thank you». «Thee-ank ee-ou». Biz jenap Hopkins bilen onuň maşynynyň ýanyna aşak düşüp barýarkak, hemmeler gülüşýärdiler. Hopkinsiň Temze derýasynyň boýundaky jaýy edil meniň ýonekeý göz öňüme getirşim ýaly ýylydy we gelşiklidi. Hanym Hopkins maýypdy. Ol wagtynyň köp bölegini düşekde geçirýärdi. Şeýle-de bolsa, onuň mülküne meniň kürsäp girmegime hiç hili garşy çykmaýardy. «Öz öýüňizde ýaly duýuň — diýip, ol meni hoşniýetli garşylady. — Aşhananyň nirede duranyny ýadyňyzda saklaň we girelge gapysy hiç wagt gulplanmaýandyr». Onsoň ol ýanýoldaşyna tarap öwrüldi. Men onuň gözünde edil ýanýoldaşynyň gözündäki ýaly uçgunlary gördüm. «Onsoňam, gije öz düşegiňizde haýsydyr bir ykmandany görseňiz geň görmäň. Eger-de birden şeýle bolaýsa, myhman otagynda ýorgan we ýassyk bardyr. Siz pejiň ýanynda düşegiňizi ýazyp bilersiňiz». Bir hepde geçip-geçmänkä, olaryň bu öňünden duýdurmalarynyň nämäni aňladýandygyna düşündim. Bir gezek agşam men uzak we netijesiz iş gözleginden soňra öýe gelenimde, är-aýal Hopkinsleriň myhman otagynda oturandyklaryny gördüm. Hanym Hopkins: «Andreý, siz öz otagyňyza barmaň, ol erde siziň düşegiňizde serhoş adam ýatyr — diýdi. — Biz eýýäm çaý içdik we size-de goýduk». Men lowlap ýanyp duran pejiň önünde agşamlyk naharyny edinýänçäm, meniň otagymdaky erkek adam barada ol maňa gürrüň berdi. Ol ýagyşdan goranyp, jenap Hopkinsiň açan wagyzçylar ýygnagyna gelýär. Uilýam ony öýe alyp geldi. Hanym Hopkins: «Haçanda ol oýananda, biz ony naharlarys we geýim bereris — diýdi, — nireden näme geljegini bilmeýärin, emma Taňry ol barada aladalanar». Dogrudan hem Hudaý aladalandy. Şol gezek we beýleki köp gezek meniň Hopkinslerde ýaşan wagtym, olaryň isleglerini Hudaýyň adatdan daşary ýagdaýda kanagatlandyrýandygyny gördüm. Men olaryň öýünden bir gezek hem hiç kimiň aç we ýalaňaç gidenini görmedim. Gep olarda puluň barlygynda däl. Jenap Hopkinsiň gerdejisinden uly bolmadyk bölegini özlerine galdyrýardylar, ol sadaja durmuşa ýetýärdi. Meniň ýaly keseki adamlar ýa-da gedaýlar, sergezdanlar we serhoşlar olaryň öýüne hemişe gelýänler Hudaýyň üpjünçiligindedi. Hudaý bolsa, Öz sözüne ynamlydy ýa-da «mähribanlar — bilip bolmaz, her hili ýagdaýda, birden siziň nahar bişirmäge şu gün keýpiňiz bolmasa» — diýip, eli gazanly goňşusy gelýärdi. Ýa-da duýdansyzlykda bir wagt ýatdan çykyp giden karz alnan puly gaýtaryp berýärdiler. Ýa-da ozal ýaşap gidenlerden kimdir biri gelýärdi, haýsy bolsa-da bir zatda kömek etmek üçin isleg bildirýärdi. «Hawa, oglum, sen hakykatdan-da kömek edip bilersiň. Biziň ýokarymyzda garry ýatyr, onuň aýakgaby ýok, sen nähili pikir edýärsiň, sen oňa aýakgap saýlap bilermiň?» Men öz resminamalarymy tertibe salýançam we iş tapýançam Hopkinslerde diňe iki gün bolmaga taýýarlanýardym, emma biz jenap Hopkins bilen yzygiderli zähmet müdirligine barýan hem bolsak, maňa işe girmäge rugsat bermediler. Şol wagtlar Hopkinsler olaryň öýlerinde galmagymy menden haýyş etdiler. Bu şeýle ýagdaýda boldy. Men ilkinji säher olara gelenimde, jenap Hopkins işe ugrady, hanym Hopkins bolsa, düşekde ýatmagynda galypdy. Men öz-özüme ygtyýar berlendim. Şoňa görä-de, men pol ýuwýan enjamlary tapdym we aşhananyň poluny yhlas bilen ýuwdum. Suwa düşülýän ýeri ýygnaşdyryp ýörkäm, içi hapa geýimli köneje sebedi tapdym we olaryň hemmesini ýuwuşdyrdym. Günortanlar geýimler gurady we olary men ütükleşdirdim. Şoňa görä-de, jenap Hopkins heniz gelmänkä, nahar taýýarladym. Öýümizde şeýle zähmete endik edipdim — biziň maşgalamyzda her birimiz haýsy iş bolsa–da ýerine ýetirip bilýärdik, emma haçan-da Hopkinsler meniň edenlerimi görenlerinde, olar ýakymly tolgunmany başdan geçirdiler. Ýa olaryň gollandlaryň durmuşy barada düşünjesi ýokdy, ýa-da olaryň hususy zerurlyklaryna kimdir biriniň üns bermelidigine öwrenişmändiler. Emma nähili ýagdaýda bolsa–da, üýtgeşik bir görnükli işi bitiren ýaly, olar özlerini şeýle alyp barýardylar we meniň maşgala agzasy hökmünde olarda galmagymy haýyş etdiler. Men şeýle hem etdim. Men baş aşpez we gap-gaç ýuwujy boldum. Olar bolsa, meniň iňlis ejem we kakam boldular. Beýleki köpleriň edişi ýaly, men hem tiz wagtyň içinde olary Hoppi daýy we Hoppi eje atlandyryp başladym. Hakykatdan-da hanym Hopkins maňa hemmetaraplaýyn ejemi ýadyma salýardy. Ol şeýle-de sessiz-üýnsüz öz gowşak saglygyny kabul edýärdi we agyrysyna çydaýardy. Mätäçlik çekýänlere-de şonuň ýaly garaýardy. Olar gelende «hiç wagt gapy gulplanmaýardy». Hoppi daýyny alyp görsek, onuň bilen dostlaşan her bir adam ruhuny baýlaşdyryp bilýär. Ol her bir şertliligiň duşmanydy. Men şähere onuň bilen maşynda dürli gurluşuklara gidenimde, kompaniýanyň prezidenti-de, iň bolmanda özüňe galstuk we tirsegi deşiksiz penjek satyn al diýip men ýalbarýardym. Emma Hoppi daýy meniň alada galýandygym üçin diňe gülýärdi. «Goýsana, Andreý, bu ýerde meni hiç kim tanamaýar!» Onuň şeýle garaýşy tanyş töwereginde-de bardy. Ýygnaga iş aýakgabynda ýa-da iki gün syrylmadyk ösgün sakgaly bilen gitjek bolanynda, men ony gapynyň agzynda tutýardym. Emma haçan-da men oňa aýdyp başlanymda, ol maňa igençli garaýardy: «Meniň oglum, Andi! Bu ýerde meni hemmeler tanaýar». Hoppi daýynyň wagyzçylyk ýygnagy meniň üçin syrlydy. Onuň gapylary hemişe giňden açykdy. Kämahallar azaşan ykmandalar ýöne ýylynmak üçin onuň içine girýärdiler. Haçan-da iş wagyz etmäge ýetende, oturgyçlar boş görnüşde galýardylar. Emma bu ony saklamaýardy. Bir gezek onuň boş zalda wagyz okany ýadymda. Jenap Hopkins ýygnakda bolmadyk adamlara: «Bu gezek siz biziň ýygnagymyzy goýberdiňiz — diýdi. — Emma men siziň bilen köçede duşuşaryn. Ine şonda men sizi tanaryn. Indi bolsa, Hudaýyň size näme aýtjakdygyny diňläň» diýdi. Haçan-da wagyz etme gutarandan soň, men garşy çykdym: «Meniň üçin siz örän syrly adam. Haçan-da men wagyz edenimde, men zalda hakyky adamlary görmek isleýärin». Jogabyň deregine Hoppi daýy diňe güldi. Ol: «Ine görersiň, — diýdi. — Biz öýe ýetmänkäk, köp adama duşarys. Ol şu oturgyçda oturmaly bolardy. Haçan-da biz ony garşylanymyzda, onuň ýüregi eýýäm taýýar bolar. Wagt we giňişlik biziň üçin çäklenme bolýar, Andi, biz Hudaýa sygynmaly». Hakykatdan-da, biz öýe gaýdyp gelýärkäk, köçe sergezdany bir aýal biziň ýanymyza geldi. Hoppi daýy wagzyň jemleýji bölümini oňa aýtdy. Ol onuň ozalky geçiren kyrk minutlyk wagzyny diňlän ýaly boldy. Şol gije men ýene-de pejiň ýanynda ýatdym. Säher çagy erjel potratçy we onuň aýaly Hudaýyň haky üçin ýene bir adamy getirdiler. Bir gezek, ahyrsoňy Glazgodan hat geldi. Ol ýerde köpden bäri garaşylýan boş wezipe peýda boldy. Men güýze çenli mekdebe barmalydym. Biz Hoppi ejemiň we Hoppi daýymyň krowadynyň töwereginde dabaraly ýörüş guradyk. Sergezdan aýal bilen meniň, belki-de, hemişelik hoşlaşýandygymyza şonda birden düşündik. 1953-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynda men Şotlandiýadaky wagyzçylyk mekdebine ýola rowana boldum. Bu gezek mekdebi tapmak maňa kyn bolmady. Men elim çemodanly uly bolmadyk depä çykdym. Ol ýerde şazada Albert köçesi bilen 10-njy jaýa çenli bardym. Bu daş töweregi daşdan örülen pessejik haýatly, burçdaky iki gatly jaýdy. Men uruş döwri hiç bir şübhesiz eredilmäge ugradylan ozalky demir gözenekleriň galyndylaryny gördüm. Men girelgäniň ýokarsyndaky tagtadaky «Hudaýa ynamly boluň» diýen sözleri okadym. Glazgodaky iki ýyllyk okuwyň maksadynyň şundan ybaratdygyny men bilip galdym. Talyplaryň hemme zady bilmekleri üçin, tebigata ynamyň nähili mümkünçiliginiň bardygy barada kömek etmelidi. Kitaplardan bilmeli. Beýleki dindarlardan bilmeli. Öz hususy tejribäňden bilmeli. Täze ruhubelentlik bilen, men derwezäň aşagyndan ýoda bilen ýokary, gapa tarap ugradym. Meniň tyrkyldyma Kes gapyny açdy. Täzeden mähriban golland ýüzüni görmeklik nähili guwançlydy. Biz hezil edip gujaklaşanymyzdan soň, ol meniň sumkamy aldy we meni ýokarky otaga äkitdi. Ol meni üç dogan bilen tanyşdyrdy. Ätiýaçlyk çykalgany we beýleki erkek adamlaryň kyrk bäşisiniň ýatýan otagyny görkezdi. Erkekler gapdaldaky jaýlaryň birinde, aýallar — beýlekisinde ýatýardylar. «Hiç wagt ýekelikde gyz bilen galmagyn, — diýip, Kes tabşyrdy. — Biz olar bilen hatda gepleşmeli hem däl. Biz diňe nahar wagty görüşýäris». Tizden müdir Stýuart Dinnen bilen meniň resmi tanyşlygym boldy. Jenap Dinnen: «Biz maksat edindik», — diýdi. «Biz öz talyplarymyza Hudaýa ynanmagy, Onuň hemme arzuwlarynda bolmaklaryny öwretmeli. Biz gulluk edýänleri täze ýerlere, adaty däl wagyzçylyk meýdanyna ugradýarys. Biziň wagyzçylarymyň özbaşdak işleýärler. Eger-de olar gorksalar ýa-da ynanmazlyk etseler, netijeli işläp bilmezler. Hudaý hakykatdan-da Öz Sözünde Ol näme aýdýan bolsa, şony ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, biz esasy pikir üçin däl-de, ynamly bolmagy öwredýäris. Biziň mekdebimizde, hut şuny gözleýändigiňize umyt edýärin, Andreý». «Hawa ser, hut şeýle». «Andi, elbetde, maliýe tarapyny siz bilýänsiňiz. Biz okuw üçin töleg almaýarys. Biziň mugallymlarymyz, mekdebimiziň işgärleriniň hiç birisi aýlyk almaýar.Ýaşaýyş, iýmit we beýlekiler üçin çykdaýjy bir ýylda jemi togsan funta ýetýär. Bu iki ýüz elli dollardan biraz köpdügini aňladýar. Bu uly bolmadyk sanyň jemi, şoňa görä-de, talyplaryň özleri nahar taýýarlaýar, goşlaryny özleri tertibe salýarlar, umuman, ähli işleri özleri ýerine ýetirýärler. Emma biz bu togsan funty öňünden tabşyrmaklaryny haýyş edýäris. Meniň düşünişime görä, ony etmäge sizde mümkünçilik ýok.» «Ýok, ser». «Onda näme, her sessiýanyň öňüsyrasy otuz funtdan bölekleýin töläp bilersiňiz. Emma siziň we beýlekileriň eşreti üçin biz bu pullaryň wagtynda tölenmegini talap edýäris.» «Hawa ser. Men doly ylalaşýaryn». Men hakykatdan-da ylalaşdym. Meniň okuwymyň tölegi meniň Hudaýa düýpli ynamymyň ilkinji amaly synagyndan geçmek soragy boldy. Mende otuz funt bardy, olary men özüm bilen Gollandiýadan getiripdim. Eger-de indiki semestrler agzalsa, men Hudaýyň pul bilen meniň islegimi nähili kanagatlandyrjakdygyny ölçerip görýärdim. Şeýle bolsa-da, ilkinji hepde özümi nämäniň ynjalykdan gaçyrýandygynyň şaýady boldum. Nahar wagty talyplar ýygy-ýygydan maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşýardylar. Käwagtlar anyk zerurlyk barada uzak gije okalan dogadan soň, bu zerurlygyň ýarysy ýa-da onuň üçden birisi dolýardy. Eger-de, mysal üçin, garrylar öýüne (ol ýerde biziň talyplarymyz gulluk edýärdi) on ýorgan gerek bolsa, onda, talyplar diňe altysyny almak üçin harajat alýardy. Biz Hudaýyň üzümçiliginiň işgärleri diýlip Injilde aýdylýar. Bä! Hudaý Öz işgärlerine şeýle görnüşde töleýärmikä? Men bir gezek agşam gezelenje çykdym. Talyplar «Partige gitmezligi» birnäçe gezek öňünden meni habardar etdiler. Partik biziň baýyrlygymyzyň etegindäki harabaçylyk etrabynda ýerleşýärdi. Ol ýerde serhoşlar, neşekeşler, ogrular, hatda adam öldürýänler ýaşaýarlar diýýärler. Şoňa görä-de, ol ýere barmak hatarly. Nähili bolsa-da, bu etrap maňa bir zat aýtjak bolýan ýaly, özüne çekýärdi. Partigiň daş düşelen hapa köçeleri daş-töwerege uzap gidýärdi, olardaky hapalary ýel alyp gidýärdi. Ruhnama (sentýabr) aýynyň howasy çyglydy. Bäş kwartaly geçip-geçmänkäm, eýýäm meniň ýanyma gedaýlaryň ikisi geldi. Men öz ýanymdaky pullaryň hemmesini olara berdim. Edil şol wagt, olaryň syr bildirmän golaýdaky bara barýandyklaryny gördüm. Bu sergezdanlar, Glazgonyň harabaçylygynda gedaýçylyk edýärdiler. Geljekki wagyzçylara garanyňda, olaryň uly girdejileriniň bardygyny men bilýärdim. Olar baýryň üstünde ýaşaýardylar. Emma näme üçin özümi şeýle biynjalyk edýänine men düşünip bilmeýärdim. Men gysgançmy? Beýle pikir etmeýärin. Biz hemişe garyplykda ýaşaýardyk. Bu meni hiç wagt üýtgeşik aladalandyrmaýardy. Onda näme? Ine birden, mekdepden dolanyp gelýärkäm, men oňa jogap aldym. Gep pulda däl. Biziň talyplarymyzyň maliýe meselelerine garaýyşlary meni biynjalyk edýärdi. Şokolad fabriginde jenap Ringersiň maňa işim üçin doly we wagtynda tölejekdigine men şubhelenmeýärdim. Elbetde, eger-de fabrigiň ýonekeý işçisi öz hojaýyny bilen özüni ynamly duýan bolsa, Taňrynyň işgäri hem şonuň ýaly özüni ynamly duýmaly diýýärdim diýip, men öz-özüme aýdardym. Men mekdebiň derwezesinden girdim. Meniň ýokarymda «Taňra ynamly boluň» diýen ýatlama asylgydy. Ine, ol! Belli bir ýagdaýda meniň pul almagym üçin, maňa ynam gerekdi. Iş onda däl. Meniň bu meselä garaýşymda maňa ynam gerekdi. Bir wakanyň öňüsyrasynda durandygymy barha güýçli duýýardym. Men daraklygyma galyp ýokary galdym we ýatylýan otagyň penjiresiniň öňünde Glazgo seredip oturdym. Eger-de men, öz ömrümi Patyşanyň guly hökmünde bermek isleýän bolsam, meniň ol Patyşany bilmegim gerek. Nähili ol? Nähili ýagdaýda Oňa ynanyp bilerin? Şeýle-de, men nähili haýsydyr bir kanuna ynanmaly? Olar hiç bir zady çözmeýärler. Ýa-da men Oňa öňbaşçy hökmünde, anyk şahsyet hökmünde, söweşdäki öňbaşçy hökmünde ynanyp bilmelimi? Bu örän wajyp meseledi. Şonuň üçin, eger-de ol diňe takyk ady üçin Patyşa bolan bolsa, onda men şokolad fabrigine dolansam oňat boljak. Men mesihi bolup galaryn. Emma men ony bilerin. «Meniň dinim, şubhesiz, diňe ýokary ahlaklylygyň ýörelgelerine alyp barýar. Olara eýermeli. Emma olaryň menden gullugy yhlasly ýerine ýetirmegi talap etmekleri gumana. Beýleki tarapdan, eger Taňry şol manyda şahsyet bolsa, Ol biziň bilen aragatnaşyk saklaýan bolsa, biziň bilen gyzyklanýan bolsa, aladalanýan, söýýän we bizi alyp barýan bolsa, onda Oňa meniň garaýşym düýbünden başgaça bolar. Şeýle Patyşanyň yzy bilen men nähili söweş bolsa-da giderin. Näme üçindir men, Ruhnama (sentýabr) aýynyň gijesi penjiräniň öňündäki sekijikde oturyp, meniň Taňrymyň tebygatyny gözleglerimiň pul soragyndan başlanýandygyny bildim. Oňa men şol gije düşündim we Onuň bilen wesýete başladym. Men: «Eý, Taňrym, — diýdim, — meniň bilmegim gerek, durmuşda Saňa ynanyp bilerinmi? Birinji semestr (okuw ýylynyň ýarysy) üçin maňa gazanç etmäge ygtyýar bereniň üçin, men Saňa minetdar. Indi men okuw ýylynyň galan böleginiň tölegi bilen özümi üpjün etmegiňi Senden soraýaryn. Eger-de men şeýle-de bolsa, töleg bermegi bir gün gijikdirsem, onda meniň şokolad fabrigine dolanyp barmalydygymy men bilýärin». Bu edepsiz we talabediji çaga dilegi. Emma hakykatdan-da, şonda men öz mesihilik durmuşymda çagajykdym. Iň ajaýyp ýeri — Beýik Taňry meniň dilegime jogap berdi. Emma ilki bilen Ol meni birnäçe gülküli görnüşde synap gördi. Birinji semestr gutaryp barýardy. Säheri biz synpda geçirdik. Biz yzygiderli diniň taglymatlaryny, dünýä dinlerini, dil hakyndaky ylmy, ýagny, islendik seminariýalarda geçilýän okuwlary öwrenýärdik. Gündizine biz amaly işleri ýerine ýetirýärdik. Kerpiç örýärdik, demir ussaçylygy, agaç ussaçylygy işleri bilen meşgullanýardyk. Ilkinji kömegi bermegi, awtomobil bejermegi öwrenýärdik. Birnäçe günüň dowamynda biziň hemmämiz — gyzlar hem, şonuň ýaly-da oglanlar hem Forduň Londondaky zawodynda işledik. Ol ýerde biz maşynlary sökmegi, ýygnamagy öwrenýärdik. Bu kär toplumy standartyna goşmaça biz palma şahalaryndan kepbe ýasamagy öwrenýärdik. Palçykdan ýasalan gaplarymyzdan suw akmaýar. Şonuň bilen birlikde, aşhanada, kir ýuwulýan ýerde, bagda gezek-gezegine nobatçylyk edýärdik. Ol hemme kişä we hemmelere degişlidi.Talyplaryň biri nemes aýaldy. Ol lukmandy, men onuň hapa guýulýan gaby yhlas bilen arassalaýşyna köp gezek syn etdim. Ol hatda otagy hirurgiýa operasiýasy üçin taýýarlaýan ýalydy. Hepdeler çaltlyk bilen geçýärdi. Basym wagyzçylygyň birine gitmegiň wagty ýetdi. Jenap Dinnen: «Andi, bu seniň göwnüňe ýarar — diýdi. — Bu oňat synag. Ol saňa Hudaýa ynanmagy öwreder. Kada örän ýönekeý. Her bir talyba gitmezinden ozal, bir funt sterling berilýär. Bu pul bilen siz wagyzçylyk işine Şotlandiýanyň hemme ýerine gidip bilersiňiz. Bir ýerden başga bir ýere gitmek üçin, ýaşaýyş jaýy üçin, iýmit we ýygnaklaryň bildirişi üçin (olary siz geçirmeli bolarsyňyz) hemme çykdaýjyny siziň özüňiz tölemeli bolarsyňyz. Kärendisine alan jaýyňyza we şonyň ýaly-da hödür-kereme siziň özüňiz tölemeli bolarsyňyz». «Bularyň hemmesi bary-ýogy bir funt sterlingmi?» «Bular heniz hemmesi däl. Haçanda siz dört hepdeden mekdebe dolanyp geleňizden soň, siz ol funty gaýdyp bermeli bolarsyňyz». Men güldüm. «Biz hemme wagt elimizi serip gezip ýörmeli öýdýän». «Ýok, size pul toplamaga rugsat berilmeýär! Asla hiç wagt. Hatda ýygnaklarda pul barada ýatlamaly hem däl. Siziň hemme zerurluklaryňyz siziň tarapyňyzdan hiç hili goşulmazdan kanagatlandyrylmaly. Ýogsam şowuna düşmedik synag hasap ediler». Biziň toparymyzda oglanlaryň bäşisi bardy. Haçanda, men soň, şol dört hepdäniň dowamynda nireden bize puluň gelýändigini ýadyma saljak boldum. Kynlyk bilen men birnäçe wakany hakydama getirjek boldum, käwagtlar oglanlaryň biriniň adyna az-owlak pul bilen hat gelýärdi. Käwagtlar biz birnäçe gün ýa-da hepde ozal bolan ýygnakdan nähilidir-birhili serişde alýardyk. Bu sowgatlary iberýänleriň hatlaryny okamak örän gyzyklydy. «Men bilýärin, size pul gerek däl. Ýogsam siz ol barada aýdardyňyz — diýip, bir adam ýazýardy. — Emma size ugratmak üçin bu pullary bukja salýançam Taňry meni hiç ýatyrmady». Kömek köplenç azyk görnüşinde gelýärdi. Şotlandiýanyň kiçijik daglyk şäherjiginiň birinde bize alty ýüz ýumurtga berdiler. Biz ertirlik naharymyzda ýumurtga, günorta naharynyň oňünçäsi ýumurtgadan taýýarlanan ýumurtgaly salat, ondan soň ýumurtgaly desert iýýärdik. Towuga biz diňe birnäçe hepdeden soň, elheder etmän seredip bilýärdik. Emma nähili bolsa-da, biz düzgünleriň ikisini saklaýardyk: biz hiç wagt öz zerurlyklarymyz barada daşymyza çykaryp gürlemeýärdik. Biz sowgat alanymyzdan soň, edil bir gije-gündiziň dowamynda, eger mümkin bolsa, hemme sowgatlarymyzyň ondan birini ýygnaga berýärdik. Biziň bilen bir wagtda mekdepden ugran beýleki topar «ondan bir» düzgünini beýle berk saklamaýardy. Olar öz girdejilerinden on göterimini aýryp goýdular. Eger-de birden garaşylmadyk ýagdaý döräýse, onda on göterimini ulanjakdylar. Emma derrew bermeýärdiler. Elbetde, beýle ýagdaýlar uly möçberde döreýärdi. Her gün bizde-de köp bolýardy. Emma ol oglanlar öz aýlaryny gulaklaryna çenli bergä batyp gutardylar. Myhmanhana, maslahat geçirilýän zallara, Şotlandiýanyň ähli ýerlerindäki bazarlaryna bergili boldular. Biz bolsa, yzyna gaýdyp bermelisinden on funtdan köpräk pul edinip diýen ýaly mekdebe dolanyp geldik. Eger-de biz pullary örän tiz berýän bolsak, Taňry hemişe çalasyn bolýardy. Ol gerek bolan zatlar bilen bizi çalt üpjün edýärdi. Biz düşewüntli tejribämizi tamamladyk. Girdejilerimizi bolsa WEC-iň daşary ýurtdaky wagyzçylaryna ugratdyk. Şeýle-de bolsa, biziň syýahatymyzyň gutarmagynyň öňüsyrasy şeýle ýagdaýlar bolýardy. Geçirilýän tejribe şowsuz bolan ýalydy. Bir gezek biz hepdäniň soňunda Edinburgda ýygnak geçirdik. Biziň ýygnaklarymyz birinji günden başlap ýaşlaryň bir toparyny özüne çekdi. Olaryň indiki gün hem gelmekleri üçin, biziň bir zatlary oýlap tapasymyz gelýärdi. Birden, hiç kim bilen maslahatlaşman, biziň toparymyzdan biri ýerinden turdy-da, bildiriş yglan etdi. Ol: «Ertir ýygnagyň öňünçäsi biz siziň hemmäňizi çaý içmäge çagyrýarys. Sagat dörtde» diýdi. «Sizden kimler geler?» Şeýle-de bolsa, ýigrimi bäş adam elini galdyrdy. Ilkibada, begenmegiň deregine, biz elheder etdik. Biz çaýyň ýokdugyny bilýärdik. Çaýyň ýany bilen iýmäge çörek-de, ýag-da, , hatda käse-de ýok. Bu zatlary satyn almak üçin, bizde pul ýokdy. Biziň iň soňky şaýylarymyz kärende alan zalymyzyň tölegine gitdi. Bu Taňrynyň biz barada edýän aladasynyň hakyky synagydy. Biziň ýanymyza özüniň ýaş adamlaryny kömek etmäge iberip, birnäçe wagt Ol bizi üpjün eden ýalydy. Ýygnakdan soň biziň ýanymyza birnäçe adam geldi we nahar taýýarlamaga kömek etjekdiklerini aýtdylar. Olaryň birisi süýt, beýlekisi çaý tapjakdygyny aýtdy, üçünjisi gant hödürledi. Bir gyz gap-gaç getirmäge söz berdi. Biziň çaýlaşmagymyz tüýs hakyky zady emele getirýärdi. Emma esasy zat — tort ýetmeýärdi. Tortsuz çaý şotland oglanlary üçin çaý däl. Şol agşam biz Taňra şeýle dileg bilen ýüzlendik: «Taňry, bizde mesele döredi. Biziň tort almaga ýerimiz ýok. Gaýrat edip, bize kömek et». Gije, zalda poluň üstünde, ýorganyň aşagynda ýatan ýerimizde biz hemme oý-pikirlerimize zor salyp, bu torty Taňry bize nähili ýagdaýda berjekdigini aňmak isleýärdik. Säher gelip ýetdi. Biz asmandan gapymyza eli tortly perişdäniň gelerine garaşýan ýalydyk. Emma gelmedi. Ertirki poçta geldi. Biz hatlaryň ikisini açyp gördük. Olarda puluň bardygyny görjek bolup umyt etdik. Pul ýokdy. Goňşy ýygnakdan «näme kömek gerek» diýip, aýal maşgala geldi. «Tort» — bu söz biziň dilimizden sypmaga taýýardy, emma biz ony edil ýuwudan ýaly kellämizi ýaýkadyk. «Taňry biz barada aladalanar» — diýip, biz oňa jogap berdik. Çaý içmeklik sagat dörde bellenipdi. Üçde biz stollaryň üstüne ir-iýmiş goýuşdyrdyk. Tort bolsa, heniz hem gelmeýärdi. Ine, eýýäm dördüň ýary boldy. Biz dörde on bäş minut galanda çäýnegi oda goýduk. Edil şol wagt gapynyň jaňy jyňňyrdady. Biziň hemmämiz uly girelge gapa tarap okduryldyk. Gapynyň agzynda hat gatnadyjy sömelip durdy. Onuň elinde uly bukja bardy. Hat gatnadyjy: «Salam, oglanlar» — diýdi. Siziň üçin mende göndergi bar. Onda näme-de bolsa, iýilýän zat bolmaly. Ol haltajygy oglanlaryň birine berdi. «Dogrusyny aýtsam, gowşurmak wagty geçdi, — diýip, ol üstüne goşdy. — Emma azyklary gijä goýmagy men islemedim. Olaryň zaýalanmagy ähtimal». Biz tüýs ýürekden oňa minnetdarlyk bildirdik. Onuň yzyndan gapy ýapylan badyna, ýaş ýigit dabaraly ýagdaýda maňa göndergini gowşurdy. «Bu seniň üçin, Andi. Londondan hanym Uilýam Hopkinisden. Men göndergini aldym, ýüpjagazlaryny kesişdirdim we seresaplyk bilen ony açdym. Daşyna dolanan goňur kagyzy aýyrdym. Içinde hiç bir ýazgy ýokdy — diňe uly ak guty bardy. Çuň kalbymda men özümi ele alyp, örän ýuwaşlyk bilen gapagyny galdyryp bilýärdim. Haçanda men ony açanymda, bäş sany goşa gözüň öňünde özüniň äpet gözelligi bilen ýylpyldap, yzgarly şokolad torty peýda boldy. Şonuň ýaly tejribäni egnimde göteremsoň, men oňa eýýäm beýle güýçli geň galmaýardym. Mekdepde Uestrlerden gelen, maňa garaşyp duran puluň çekini tapdym. Ol ikinji semestre tölemäge ýetjekdi. Ikinji semestr birinji semestrden çalt geçdi. Biz şeýle köp özleşdirmedik we oýlanmadyk. Emma ol heniz gutarmanka, men üçünjisini tölemek üçin bu gezek geň bolsa-da, weteranlar üçin hassahanadan öz ýoldaşlarymdan pul aldym. Şeýle täsin zatlar beýleki ýyl hem dowam etdi. Okuwyň tölegi barada men hiç kime we hiç ýerde gürrüň bermeýärdim. Şeýle-de bolsa, çekler gerek wagty peýda bolýardy. Men hemişe wagtynda we doly görnüşinde töläp bilýärdim. Pul hiç wagt gereginden köp bolmaýardy. Maňa kömek edýän adamlar bir-birini tanamaýan bolsalar-da, olaryň sowgatlary maňa edil bir wagtyň özünde gelmeýärdi. Men mydam Taňrynyň ynama subutnamasyny görýärdim. Emma men hatda Onuň egsilmez duýguly degişmelerinden kanagatlanyp bilýärdim. Men Taňry bilen wesýete girişdim. Okuwa tölemek üçin mende hiç wagt mesele bolmaz ýaly, Ondan haýyş etdim. Emma men özümi sabyn ýa-da diş ýuwulýan pasta, sakgal syrmak üçin almaz bilen üpjün etmeklidigi barada bir söz aýtmadym. Bir gezek säher wagty, mende hojalyk sabynynyň gutarandygyny gördüm. Haçan-da men öz pulumy saklaýan gutyma seredenimde, men ol ýerde jemi alty pens gördum. Hojalyk sabyny bolsa, sekiz pens durýardy. «Eý Taňry, meniň özümi arassa saklamalydygymy Sen bilýänsiň. Şoňa görä, ýetmeýän iki pensi bir zat etmegiňi Senden towakga edýärin». Men alty pensi aldym we dükanlara ugradym. Olaryň gapysynyň birinde men bildiriş gördüm «Harytlar iki pens arzanladylan! Edil häzir sabyn alyň». Men girdim-de, satyn alyp, sazyň şadyýan heňini sygyryp, mekdebe dolandym. Mekdebi gutarýançam, ol barada indi pikir etmez ýaly, gutuda ýeterlik sabyn bardy. Emma edil şol agşam meniň kir ýuwýanymy dostlarymyň biri görüp: «Andreý, maňa bir azajyk sabyn karz ber, mende gutardy» diýip gygyrdy. Elbetde, men oňa berdim we hiç zat diýmedim. Onuň maňa gaýdyp bermejegine örän oňat akyl etirip, meniň gymmatbaha sabynymy onuň ulanyşyny ýöne synlaýardym. Ol her gün azajykdan menden alýardy we her gün men özüm üçin örän az ulanmaly bolýardym. Onsoň, diş pastasy. Onuň gaby boşdy. Men ony gysyp, towlap kesenimden soň, onda hakykatdan-da hiç zat galmandy. Adaty nahar duzunyň diş ýuwmak üçin ajaýyp serişde bolýandygyny men bir ýerde okapdym. Dogrudan-da meniň dişim arassady. Emma meniň agzymyň içi hemişe azýardy. Sakgal syrýan almazlary alyp görsek? Men ulanylan almazlary zyňmaýardym. Elbetde, ol gün gelip ýetdi. Men olary ýiteldip başladym. Mende päki ýiteldýän gural ýokdy. Şoňa görä-de, men olary ýalaňaç elimde çalýardym. Bir günüň dowamynda öz hususy derim-de, emma nähili baha bilen sakgalym arassa syrylgy bolýardy. Bu wagtyň dowamynda Taňrynyň meniň bilen oýun edýänini men duýýardym. Belki-de, Ol bu synagy isleg bilen zerurlygyň arasyndaky aratapawudy ulanmak üçin maňa görkezmek isländir. Diş pastasy — bu oňat, sakgal syrýan täze almazlar arassa we çalt syrýarlar. Emma bularyň hemmesi mätäçlik bolman bolelinlikdir. Eger-de hakyky zerurlyk dörese, onda Taňrynyň onuň üstüni doldurjakdygyna men ynanýaryn. Dogrudan-da, hakyky zerurluk döredi. Britaniýada daşary ýurtlular özleriniň wizalaryny wagtal-wagtal uzaltmaly bolýardylar. Men 1954-nji ýylyň Bitaraplyk (dekabr) aýynyň 31-ine çenli uzaldyp ýetişmelidim. Eger şeýle bolmadyk ýagdaýynda, men ýurdy taşlamalydym. Emma, haçan-da bu sene golaýlaşanda, mende ýekeje pensde ýokdy. Wizany Londona çenli uzaltmak üçin, men öz arzamy nähili ugratmaly? Buýurma hat bir şilling durýardy, ol on iki penni diýmekdi. Meniň jübimde şillingiň bolmanlygy üçin, Taňry meniň mekdepden gitmegime ygtyýar etmez diýip pikir edýärdim. Şeýlelik bilen, oýun täze döwre girişdi. Indi onuň eýýäm ady bardy. Men ony patyşalaryň oýny diýip atlandyrdym. Haçan-da Taňry kimdir birini pul bilen üpjün edende, ol adamy kiçeltmän we göwnüne degmän, ony patyşalaryň edişi ýaly edýändigini men ýüze çykardym. Buýurma hatyň çözgüdi döwründe, men bu oýundan üç gezek tas çetde durupdym. Ol ýyl men talyplar toparynyň ýolbaşçysydym we mekdebiň pul gaznasy üçin jogap berýärdim. Bu gazna kitapçalary çap etmekligi pul bilen üpjün edýärdi. Bir gezek men senenama seretdim — eýýäm Bitaraplyk (dekabr) aýynyň 28-i bolupdyr. Soňra gaznanyň puluna göz gezdirdim. Gutuda birnäçe funt ýatyrdy. Eger-de men az wagtlyk gaznadan bary-ýogy bir şilling alsam, näme bolarka? Emma men bu pikiri çaltlyk bilen kellämden çykardym. Soňra Bitaraplyk (dekabr) aýynyň 29-y başlandy. Diňe iki gün galýardy. Men eýýäm duz bilen diş arassalamagyň nähili agyrylydygyny ýatdan çykarypdym. Almazy öz eliňde köp wagtlap nähili çalmalydygy, bir şilling bilen baglanyşykly dartgynly tolgunmalar meni şeýle bir basmarlaýardy. Şol säher maňa gerek pennileri, belki-de, ýerden taparyn diýen pikir meniň kelläme geldi. Men eýýäm paltomy geýdim we köçe bilen barýaryn. Birden men näme edýänimi gördüm. Men kellämi aşak sallap, gözlerimi ýere dikip, pul gözleginde ýaplary agtarýardym. Bu patyşalaryň oýnumy? Men dikeldim we doly adamly köçede gaty güldüm. Men mekdebe başymy dik tutup dolandym. Emma şeýle bolsa-da, pul peýda bolmady. Oýnuň iň soňky tapgyry örän gysga boldy. Bitaraplyk (dekabr) aýynyň 30-y gelip ýetdi. Eger-de men öz arzamyň poçta bilen Londona 31-ine barmagyny isleýän bolsam, hut şol gün ibermelidim. Irden sagat onda talyplaryň biri meniň ýanyma gelendiklerini basgançakdan gygyryp aýtdy. Bu meniň halas ediji perişdäm bolmalydygyny pikir edip, men basgançaklardan ylgap aşak düşdüm. Emma men öz myhmanymy görenimde, meniň ýüregim gowşady. Bu myhman maňa pul bermek üçin däl-de, pul almak üçin gelipdir. Bu meniň dostum, ýaş oglan Riçarddy. Birnäçe aý mundan ozal men Partigiň harabaçylygynda onuň bilen tanyşypdym. Ol käwagt, pul gerek bolanda, mekdebe gelýärdi. Kynlyk bilen aýagymy süräp, onuň ýanyna — köçä çykdym. Riçard owunjak daş düşelen ýodajykda aşak seredip durdy. Ol: «Andreý — diýdi, — sende artyk pul ýokmy? Men aç.» Men güldüm we işiň nämededigini düşündirdim. Men oňa sabyn we almaz barada gürrüň berdim, onuň bilen gepleşip bolýançam meniň gözüm şaýa düşdi. Ol owunjak daşlaryň üstünde ýatyrdy. Ol günüň şöhlesine şeýle bir ýalpyldaýardy, ony diňe men görüp bilýärdim, emma Riçard görmeýärdi. Onuň reňkinden şillingdigini bildim. Men köwşümiň burny bilen şaýynyň üstüne erksiz basdym. Ondan soň, biz Riçard bilen gürleşýärkäk, men egildim we birnäçe daşjagaz bilen ony galdyrdym. Men oýun edip, tä elimde diňe şilling galýança, daşjagazlary yzly-yzyna taşlaýardym. Emma men ony jübime salanymda, hakyky göreş başlandy. Bu şaýy mekdepde meniň galjagymy-galmajagymy çözýärdi. Ol Riçarda kömek etmez, sebäbi ol häziriň özünde ony içgä berip sowar. Ýene-de bir sagatdan teşneligini synap görer. Men özümi aklajak bolup, bir delili beýlekisi bilen örän oňat baglaşdyryp, mekirlik etdim. Riçardy men nähili günäläp bileýin! Taňry ony etmeli däl diýip açyk aýtdy ahyryn! Has beteri — bu eýýäm patyşalaryň oýny däl! Haçan-da Patyşanyň ogullarynyň biri öňüňde durup, men aç diýýärkä, Patyşanyň wekiliniň özunde puly saklamaga nähili hukugy bar. Men elimi jübime sokdum we kümüş şaýyny çykardym. Men: «Riçard, diňle — diýdim, — mende ine şu bar. Bu saňa kömek edermi?» Riçardyň ýüzi ýagtyldy. «Elbetde, dost.» Ol şaýyny ýokary zyňdy we baýyrdan aşaklygyna ylgady. Hemmesini men ýüregimiň ýeňilligi bilen dogry edendigimi, ol maňa pyşyrdap aýtdy. Men mekdebe girmek üçin öwrüldim. Emma gapa elimi degirmänkäm, ýodajykda hat gatnadyjy peýda boldy. Gelen hatlaryň arasynda meniň üçin hem hat bardy. Haçan-da men Gretýeniň hatyny görenimde, onuň Ringersiň fabriginden, dileg edýän toparyndan gelendigine we onuň içinde puluň bardygyna men düşündim. Şeýle-de boldy. Kän puldy — bir ýarym funt, ýagny otuz şilling. Ol hat ibermek üçin, gerek bolanyndan hem ep-esli köpdi, bir guty sabyn, meniň diş ýuwýan söýgüli pastamy we oňat sakal syrýan almaz satyn alsa boljakdy. Oýun gutardy. Patyşa hemmesini Patyşalarça etdi. 1955-nji ýylyň bahary gelip ýetdi. Wagyzçylyk mekdebinde okap başlanyma takmynan iki ýyl bolup barýardy we men işe başlamak üçin takat edip bilmeýärdim. Kes bir ýyl öň mekdebi gutarypdy we Koreýada gulluk edýardi. Ol öz hatlarynda gulluk etmek üçin dürli zerurlyklar we amatly ýagdaýlar barada tiz-tizden gürrüň berýärdi. «Sen Kese birikmek islemeýärsiňmi?» diýip, direktor menden sorady. Soňra bir gezek, säher çagy men žurnallaryň birini elime aldym. Indi meniň durmuşym hiç haçan özalky akabasyndan akmaz. Entek mekdebi tamamlamagymyň bir ýyl öň ýany, men öz çemodanymy almak üçin ýerzemine girdim. Ol ýerde karton gutynyň üstünde žurnal ýatyrdy. Ony men hem, başgalar hem mekdepde ozal görmändi. Onuň ol ýere nähili düşendigini men hiç wagt bilmerin. Men ony aldym we aljyraňňy ýagdaýda sahypalaryny agdaryşdyrdym. Bu ýalpyldawuk kagyzda täsirli fotosuratlar we elde çekilen suratlar bilen neşir edilen ajaýyp žurnaldy. Fotosuratlaryň köpüsinde Pekinde, Warşawada we Pragada nyzam edýän köp müň adamly mähelläniň suratlary şekillendirilýärdi. Olaryň ýüzleri joşgunlydy, ädimleri bolsa aýgytlydy. Suratlaryň aşagyndaky ýazgylarda iňlisçe bu ýaş ýigitler agzasy togsan alty million hasaplanýan bir halkara guramasyna degişli diýilýärdi. Hiç ýerde kommunistler barada bir söz hem aýdylmaýardy. Diňe kä wagtlar «sosialistik» sözi sypyp geçýärdi. Dünýäde oňat, ýagty geljek barada gürrüň gidýärdi. Žurnalyň ahyrynda bolsa, ýaşlaryň festiwaly barada bildiriş berilýärdi. Ol geljek ýylyň Gorkut (iýul) aýynda Warşawada geçirilmelidi. Hemme isleg bildirýänler çagyrylýardy. Hemmesimi? Žurnaly bir gapdalda goýmagyň deregine, men ony goltugymyň aşagyna sokdum we çemodanym bilen birlikde öz otagyma getirdim. Şol agşam, bularyň hemmesiniň nämä alyp barjagyna düşünmän, žurnalda görkezilen Warşawadaky salga hat ýazdym. Men mesihi wagyzçylyk mekdebinde okaýandygymy ak ýürekden görkezdim. Ýaşlar festiwaly meniň üçin gyzyklydy. Şoňa görä-de, men Mesih barada gürrüň etmekçi, olar bolsa, maňa sosializm barada gürrüň bererler. Men barsam bolarmy? Haty men iberdim, ynha-da birden jogap geldi. Egerde men barsam olar şat boljaklar. Men talyp bolamsoň, maňa kesgitli ýeňillikler berilýärdi. Hatda gerekli bolan resminamalar goşulýardy. Warşawada meni şatlyk bilen garşyladylar. Bu gezelenje gitmek barada ýeke-täk gürrüň berenim Hoppi daýy bolmaly. Ol maňa şeýle jogap berdi: «Andreý, sen gitmeli bolarsyň diýip pikirlenýärin. Men saňa ýol çykdajylaryň üçin elli funt sterling berýärin». Haçan-da men Şotlandiýadan Gollandiýa dolanyp gelmek üçin ýola düşenimde, meniň arzuwlarym has düşnükli görnüşde bolup başlady. Ringersiň fabriginde meniň işlän günlerimden başlap, şekilsiz bölekler wagtal-wagtal meniň aňymda gaýyp başlady. Olar şu wagta çenli hemişe ümürli we dury däl. Fabrikde meniň iş günlerimiň iň soňky güni başlandy. Ringersiň fabriginde ärsiz bir aýal işleýärdi. Ol kommunistdi, resminamalary dolduryp bermäge jogap berýärdi. Ol kelte boýly dykyz aýaldy. Onuň bejerilen çal bolup başlan saçlary kellesinde kirpiniň oklary ýaly syh-syh bolup durdy. Ol hemmesine ynamly düşündiriş berýärdi, aýlygymyzdan başlap (biz gullar) we patyşadan (ol eziji adam) gutarýardy. Haçan-da ol meniň wagyz etmeklik dyrjaşmamy tapanda: «Taňry — ezijiler synpynyň oýlap tapan zadydyr» diýip aýtmaga ony mejbur edýän bir güýç peýda bolýardy. Şoňa görä-de, ol wäşilik duýgusundan asla mahrum edilen adamdy. Şonuň üçin beýlekileriň öz üstünden gülýändiklerini ol hiç wagt hem aňyp bilmeýärdi. Fabrikde işlän ýigrimi ýylynyň içinde ol hiç kimi hem öz ynamyna uýdurmady. Men ony gülkünç däl-de, naýynjar hasap edýärdim. Nahar wagty tiz-tizden onuň ýekelikde oturan stolunyň başynda oturýardym. Şol gün men hoşlaşmak üçin fabrikden gidenimde, onuň işleýän ýerinde aýak çekdim. Şeýle-de bolsa, oňatlyk bilen hoşlaşmak üçin: «Ahyrsoň-a siz menden dynarsyňyz!» — diýdim. «Emma siziň hemmelere berýän ýalan gürrüňleriňizden däl, — diýip ol kesgitli aýtdy — Siz öz halas ediji gürrüňleriňiz bilen adamlaryň gözlerini bagladyňyz! Siz olaryň gözlerini öz sözleriňiz bilen bagladyňyz…» Men uludan dem aldym-da, halk üçin neşe barada leksiýa diňlemäge taýýarlandym. Emma meniň geň galmagyma görä, gaharly ses eşidildi. Ol: «Elbetde, olar kiçiräk ynam bilen ynandylar size — olar taýýar däl adamlar, — diýdi. — Olary dialektiki delillendirmelere öwretmändirler. Olar nämäni pikir etmek isleýän bolsalar, şony pikir edýärler.» «Ahyrsoňy — onuň sesi şeýle bir ýuwaş ýaňlanýardy, men onuň sesini zordan eşidip bilýärdim, — eger-de siz saýlap bilýän bolsaňyz, siz Taňryny we şuňa meňzeşleri saýlamazdyňyz». Men çaltlyk bilen oňa seretdim we akla sygmajak gözýaşlar onuň gözünde göründi. Ýedinji bap DEMIR PERDÄNIŇ AŇYRSYNDA Men Wittä gaýdyp gelenimde, edil meniň Indoneziýdan gaýdyp gelenimdäki ýaly, öýümizde hiç hili üýtgän zadyň ýokdugyny gördüm. 1955- nji ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň yssy säheri, edil meniň obamyzy taşlap gidemindäki ýaly uklap ýatmagyny dowam etdirýän ýaly bolup görünýärdi. Şonda, hamala diýersiň wagt durup galan ýaly, mende bir hili ýakymsyz duýgy emele geldi. Men köprüjikden geçip howlumyza girenimde, Geltýe bagda ýuwan kirlerini serip durdy. Ýöne bu ýerde azajyk üýtgeşiklikler bardy: gapynyň öňündäki basgançakda kiçijik oglanjyk oýnap otyrdy — ol Geltýeniň ogludy. Men: «Salam!» — diýip gygyrdym. — Öýde adam barmy? Bu Andi!» Şeýle diýenimden, maşgalanyň ähli agzalary bu ýerde peýda boldy. Gykylyk-galmagal, salamlaşyklar eşidildi, meni gujaklaýardylar we şol wagt hemişeki kynçylyk barada gürrüň, ýagny Andreý daýy öýe gaýdyp geldi, indi kim nirede ýatmaly diýen mesele başlady. Men soňky birnäçe günün dowamynda dostlarymy görmek üçin aýlandym. Men jenap Ringersi görmäge fabrige gitdim. Hanym Mekleni hem görmäge bardym, ol meniň iňlis dilinde gürleýşimi eşidip, ellerini çarpyp hoşal boldy, soňra bolsa, men Kesiň maşgalasynyň öýüne tarap ugradym. Ondan soň men Uetstrler bilen salamlaşmak üçin sowuldym, olaryň Amsterdama göçmäge hyýallanýanlaryny eşidip, haýran galdym. Olaryň gülleri daşary ýurda çykarmak boýunça telekeçilik işleri oňat ýöreýärdi we olar edil şol sebäpden hem, söwda kompaniýalarynyň golaýynda bolmak üçin göçmek isleýärdiler. Ahyrsoňunda men Ermelo — uly doganym Beni we onuň aýalyny görmek üçin ugradym. Gürrüňiň arasynda, men ondan Tile hakyndan bir zatlar eşitdiňmi diýip soradym. Ol: «Hawa, — diýip, hiç bir zady aňlatmaýan äheň bilen jogap berdi, — geçen ýylda ol durmuşa çykypdyr diýip eşitdim. Çörek satyja durmuşa çykypdyr öýdýän». Bu barada başga aýtmaga zat bolmansoň, biz bu gürrüňe gaýdyp gelmedik. Otly Amsterdamdan Warşawa 1955-nji ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň 15-ine ugrady. Men örän köp ýaşlaryň bu şüweleňe ýygnanandyklaryny görüp, örän geň galdym. Ýaşlaryň ýüzlerçesi tutuş menzili dolduraýypdyrlar. Men ilkinji gezek žurnalda okan ynanyp bolmajak uly sanlarymyň hakykylygyna ynanyp başladym. Meniň çemodanym örän agyrdy. Onuň içinde geýim örän azdy — çalşyrgyç içki geýim we joraplaryň birnäçe jübüti bardy. Ýöne onuň deregine, «Halas bolmagyň ýoly» diýip atlandyrylan otuz bir sahypaly kiçijik kitapçalaryň örän köp sanlysy bardy. Kommunistleriň meni edebiýatlar bilen çagyrmaklarynyň hatyrasyna, bu kitaplary öz egnimde götermäge taýýardym. Bir gezek Karl Marks şeýle diýipdir: «Maňa ýigrimi alty sany gurşun esgerjik beriň, men olar bilen bütin dünýäni boýun egdirerin». Ol bu sözleri aýdanda, iňlis elipbiýiniň ýigrimi alty sany harpyny göz öňünde tutýardy. Hawa, bu oýny biz hem oýnasak boljak. Men ýewropa dilleriniň ählisinde ýazylan we çap edilen bu gudratly kitapça bilen Polşa tarap ugramakçy boldum. Şeýlelik bilen, agyrlygyndan ýaňa tutawajy gopara gelýän çemodanymy göterip, her ädimde şowurdap duran täze çybyk mahmal jalbarly men wagona girdim. Men birnäçe sagatdan eýýäm Warşawanyň merkezi menzilinde myhmanhana ýerleşmek üçin garaşyp durdum. Men özümi örän ýalňyz duýýardym. Men bu ýurtda ýekeje adamy hem tanamokdym, polşalylaryň dilinde ýekeje söz hem bilmeýärdim. Bütin dünýäden Warşawa ýaşlar gelýärdiler, ýöne olaryň maksatlary meniňkä bütinleý gapma — garşydy. Men garaşyp durkam, özümiň dileg edip başlandygymy duýdum we meniň edýän dileglerim bu gykylyklaryň, şowhun turuzýan mähelläniň arasynda Hudaýa ynanmaga ýeke-täk çagyryş diýip pikir etdim. Meniň «myhmanhanam», ýörite bu ýagdaýlar üçin otaglary ýatak jaýlara öwrülen mekdebiň jaýydy. Men hasaba durdum. Meni matematika otagyna iberdiler, ol otagda otuz bir sany krowat durdy. Men mümkinçilik dörän badyna Warşawanyň köçelerine gezelenje çykdym, gezelenç edip ýörkäm, özumiň näme etmelidigim hakynda oýlandym. Hiç hili oýlanybam durman, gabat gelen awtobusa mündüm. Awtobusda gidip barýarkam, özümiň näme etmelidigime düşündim. Men göçüriş wagtynda birazajyk nemes dilini öwrenipdim we Polşada köp nemesleriň ýaşaýandygy barada bilýärdim. Şol sebäpli, men uludan demimi aldym-da, nemesçe gaty ses bilen şeýle diýdim: «Men Gollandiýadan gelen mesihi!» Meniň töweregimdäkileriň hemmesi dymdy. Men özümiň akmak görünýänligime düşündim. «Meniň polşaly mesihiler bilen duşuşasym gelýär. Maňa kömek edip biljek barmy?» Dym-dyrslyk. Ýöne bir dolmuş aýal, awtobusdan düşmekçi bolanda, öz ýüzüni edil meniň ýüzüme ýakynlaşdyrdy-da, nemes dilinde salgyny aýtdy. Soň ol: «Injil dükany» — diýdi. Meniň ýüregim gürsüldäp urup ugrady. Injil dükany? Kommunistleriň ýurdundamy? Men ol aýalyň aýdan salgysyny tapdym, hakykatdanam ol ýerde injil dükany bar eken. Tekjelerde dürli daşary ýurt dillerinde çap edilen Injiller, jübide göterilýän Injiller ýalpyldaşyp durdular. Ýöne dükan äpet gözenekler bilen germelendi, gapysyna bolsa tagta çüýlenipdir. Gapysynda ýazgy ýazylan kagyz sallanyp durdy, men ol ýazgyny yhlas bilen harpma-harp göçürdim we myhmanhana gaýdyp bardym. Meniň toparymyň ýolbaşçysy ýylgyrdy: «Munda rugsat hakynda ýazylypdyr», — diýdi. «Toparyň rugsada giden wagtynda ýapyldy. Gorkut (iýul) aýynyň 21-ine açylýar». Maňa diňe garaşaýmak galýardy. Ol ýerde üç hepdäniň dowamynda bolmagyň ähli maksatnamasy öňunden taýýarlanylypdy. Ertirlerine biz şäher boýunça gurnalýan gezelençlere gitmelidik, gündiz we agşamlaryna bolsa, gürrüňleri diňlemelidik. Men birnäçe günläp gün tertibini berjaý etdim. Bize Warşawanyň oňat arrassalanan görnüşini görkezýändikleri düşnüklidi. Täze mekdepler, gülleýän fabrikler, ähli amatlyklary bolan öýler, dükanlarda harytlaryň bolçulygy. Bularyň ählisi täsirlidi. Ýöne maňa diňe ýeke özümiň şähere çykyp aýlananymda görjek zatlarym örän gyzykly bolup görünýärdi. Bir gezek irden men synanyşyp görmek kararyna geldim. Men irden turup, topardakylar aşak — ertirlik etmäge düşmänkäler, jaýdan çykyp gitdim. Bu gün täsin gündi! Men Warşawanyň giň köcelerinde aýlanyp ýördüm, bar ýerde urşuň galdyran yzlary görünýärdi. Guramaçylykly geçirilýän gezelençler wagtynda, elbetde, biziň görmedik, dolulygyna weýran edilen jaýlarymyzyň kwartallaryny gördüm. Ol ýerde çem gelen zatlardan salnan jaýlar bardy, tekjeleri ýarym-ýarty doldurylan dükanlar bardy. Ol ýerde sal-sal eşikli adamlar nobata dyknyşyp durdular. Gören zatlarymyň biri aýratyn ýadymda galdy. Şäheriň içinde bir etrap bombalar bilen tutuşlygyna weýran edilendi, ol ýerde maşgalalar, edil towşanlaryň hinlerde ýaşaýyşlary ýaly ýaşaýardylar. Olar ýerzeminlere sümülip girer ýaly deşikleri gazypdylar we şol ýerde ýaşaýardylar. Men zibilleriň arasynda, tozanyň içinde oýnap ýörän aýaklary ýalaňaç gyzjagazy gördüm. Meniň ýanymda polýak dilinde çap edilen kitapça bardy, men ol kitapçany, azajyk puly oňa uzatdym. Ol geň galyp maňa seredip durdy we çagyyldan ýasalan depäniň ýokarsyna ylgap gitdi. Bir minut geçenden soň, daşlaryň aňyrsyndan aýalyň kellesi göründi. Ol elinde kitapçany we pullary saklap, meniň ýanyma zordan ýöräp geldi. Onuň yzynda bir erkek adam hem bardy. Olaryň ikisi hem kirlidiler we serhoşdylar. Men olar bilen nemes, iňlis dillerinde, hatda golland dilinde hem gürleşmäge çalyşdym, ýöne olar hiç zada düşünmän, gözlerini tegeläp, maňa seredip durdular. Men ellerim bilen olara bu kitaby okamalydygyny düşundirdim, ýöne olaryň kitapçany ellerinde saklap duruşlaryny görüp, olaryň okap bilmeýändiklerine düşündim. Olar diňe kellelerini ýaýkaýardylar we ahyrsoňy men hem kellämi ýaýkap, ol ýerden gaýtdym. Dynç alyş günüdi. Bu gün biziň maksatnamamyzda wajyp günleriň biridi. Biz stadionda geçirilýän ýörişe gatnaşmalydyk. Ýöne onuň deregine men ybadathana gitdim. Gollandiýanyň gazetlerinde polşa ybadathanalarynyň ýolbaşçylarynyň öýde gabawda saklanýandyklary we seminariýleriň ýapylýanlygy hakynda kän ýazýardylar. Bu habarlar mende Polşada dini durmuş gizlin ýagdaýa geçen ýaly täsir doredipdi. Elbetde, bu beýle däldi. Injil dükany, görnüşine görä, işleýän bolmaly. Men katolik ybadathanalaryň gapdalyndan geçýärdim, olaryň gapylary açykdy. Ýöne Polşada hereket edýän protestant ybadathanalary barmyka diýip oýlanýardym. Men öz ýolbaşçylarymyzdan ybadathana hakynda soramak islemeýärdim, sebäbi men olara ynanmaýardym. Şol sebäpli hem men köçä çykdym we taksi sakladym. «Gündiziňiz haýyrly», — diýip, men polýak dilinde gürledim. Sürüji ýylgyrdy-da, uzyn gürrüňe başlady. Ýöne men polýak dilinde diňe salamlaşyp bilýärdim, men ondan nemes dilinde ybadathana äkitmegini haýyş edenimde, onuň ýüzündäki ýylgyryş aýryldy. Men iňlis dilinde düşündirmekçi boldum, ýöne ol hiç zada düşünenokdy. Men ellerimi dileg edýän ýaly birikdirdim, soňra olary kitap okaýan ýaly edip açdym. Soňra dileg etdim we kellämi ýaýkadym. Ýök, katolikleriň ybadathanasy däl. Men ýene-de ellerim bilen, kitap okaýan ýaly edip görkezdim. Sürüji ýene-de ýylgyrdy. Ol meni şaher boýunça aýlap başlady. Ahyrsoňy men onuň düşünendigini bildim. Biz depesi iki sany inçe gümmezli gyzyl kerpiçden gurlan jaýyň ýanynda saklandyk. Ýene-de on minutdan men Demir perdäniň aňyrsynda, reformatorlaryň ybadathanasynda otyrdym. Meni bu ýere gelýänleriň sany haýran galdyrdy. Ybadathananyň dörtden üç bölegi adamlardan doludy. Şeýle hem, men bu ýerde ýaşlaryň köplügine haýran galdym. Wagyz örän ruhubelentdi, taglymlar görnüşi ýaly, Yazgylara esaslanýan bolmalydy, sebäbi ybadatçy hemişe Injile ýüzlenýärdi. Gulluk tamamlanandan soňra, men jaýyň ahyrynda durup, meniň gürleýän dillerimde gürleýän adamlaryň barlygyny görmek üçin garaşyp durdum. Men daş görnüşimden daşary ýurtla meňzeşdirin-dä, sebäbi men iňlis dilinde: «Hoş geldiňiz» — diýen jümläni eşitdim. Men yzyma öwrüldim we çopany gördüm. «Siz birazajyk maňa garaşyp bilersiňizmi?» — diýip, ol menden sorady. «Meniň siziň bilen gürrüňleşesim gelýär». Men begenip, oňa garaşdym. Hemmeler gidenden soňra, çopan we birnäçe ýaş adam höwes bilen meniň soraglaryma jogap berdi. Hawa, olar öz ynamlaryny açyk wagyz edýärdiler we partiýanyň syýasaty bilen ylalaşyan döwürlerinde muny juda erkinlikde alyp barýardylar. Hawa, olaryň ybadathanasynyň agzalary kommunistler hem bolup bilerdiler. Hawa-da, bu düzgün halk üçin köp zatlary etdi, şol sebäpli hem birnäçe zatlara diňe gözleriňi ýumaýmak galýar-da. «Hawa, bu eglişik, — diýip, eginlerini gysyp çopan aýtdy, — ýöne näme etjek?» «Siz öýüňizde haýsy ybadathana gatnaýarsyňyz?» diýip, ýaşlaryň biri iňlis dilinde örän arassa gürläp sorady. «Baptistleriňkä». «Hudaýa gulluk etmek uçin baptistleriň ybadathanasyna barasyňyz gelýärmi?» «Örän barasym gelýär». Ol kagyz we galam çykardy-da, salgyny ýazdy. «Şu gün agşam ol yerde Hudaýa gulluk ediljek», — diýip sözüniň üstüne goşdy. Edil şol agşam gollandiýa wekilleriniň beýleki agzalaryndan edilýän gürrüňleriň şeýle gyzyksyzdygy barada eşitdim-de, men ýene-de taksä mündüm. Ýöne bu gezek meniň elimde barmaly ýerimiň salgysy bardy. Men ol ýere gelenimde, gullugyň edil gyzyşan wagty eken. Adam köp däl. Adamlar ol diýen bir geýnüwli däldiler we gelenleriň arasynda ýetginjekleri görmedim. Ýöne şeýle bir gyzykly waka bolup geçdi. Çopana daşary ýurtly adamyň peýda bolanlygy barada habar berdiler we menden edil şol wagtyň özünde kafedra çykyp, ýygnanan adamlaryň öňünde çykyş etmegimi haýyş etdiler. Men geň galdym. Muny edäýmek bularda şeýle erkinmikä? «Nemes dilinde ýa-da iňlis dilinde gürleýänler barmy?» — diýip soradym, men gelejekde ýygy-ýygydan ulanjak usuly tapanyma özüm hem düşünmän galdym. Gelenleriň arasynda nemes dilinde gürleýän bir aýal bar eken. Onuň kömegi bilen men Demir perdäniň aňyrsynda özümiň birinji wagzymy okadym. Ol örän gysgajykdy we onuň manysy hemmelere aýdyňdy: ynha men Demir perdäniň beýle tarapynda duran mesihi, kommunistik ýurtda durun we Hoş Habary wagyz edýärin. Meniň ýüzlenmämiň ahyrynda çopan iň gyzykly zady aýtdy. «Biziň size minnetdarlygymyzy aýdasym gelýär, — diýdi — siziň şu ýerdeligiňize minnetdarlygymyzy. Hatda siz bir söz aýtmadyk bolsaňyz hem, sizi bize diňe bir görmek hem örän uly ähmiýetli. Käwagtlar biz özümizi bu göreşimizde örän ýalňyz duýýarys». Edil şol agşam matematika otagyndaky krowadymda ýatan ýerimde, bu iki ybadathananyň bir-birinden şeýle tapawutlanýandyklary barada oýlandym. Olaryň biri hökümet bilen syýasaty aýdyň geçirýärdi, ol öz hatarlaryna adamlaryň köp sanlysyny, şol sanda ýaşlary hem çekýärdi. Beýlekisi bolsa, meniň duýuşym ýaly, ýalňyzlygyň ýolundan barýardy. Men olardan gelýänleriň arasynda kommunistik partiýanyň agzalary barmy diýip soranymda, olar şeýle jogap berdiler: «Eger bar bolsalar hem, biz bu barada hiç zat bilmeýäris». Men şeýle çalt okamaly bolýardym we şeýle köp zatlary öwrenmelidim welin, olaryň ählisini özleşdirmek örän kyndy. Men Polşada bir hepdä golaý boldum! Ahyrsoňy Gorkut (iýul) aýynyň 21-i hem gelip ýetdi, ol gün Injil dükany açylmalydy. Men myhmanhanadan ir çykdym we basym Täze dünýä köçesine ýetdim. Ir sagat dokuz töwerekleri howlugyp ýöräp barýan adamy gördüm. Ol dükanyň ýanyna bardy-da, açary alyp dükanyň gapysyny açmaga durdy. «Ertiriňiz haýyrly bolsun», — diýip, men polýak dilinde gürledim. Ol adam dikeldi — de, maňa seretdi. «Ertiriňiz haýyrly bolsun», — diýip, ol bir hili ynamsyz jogap berdi. «Siz iňlis dilinde ýa-da nemes dilinde gürleýärsiňizmi?» — diýip men iňlisçe soradym. «Iňlisçe, — diýip, ol daş-töweregine garanjaklady. — Giriň». Dükanyň eýesi çyrany ýakdy-da, äpişgeleriň tutylaryny galdyryp başlady. Ol işläp durka, men özümiň kimligimi aýtdym. Hojaýyn ýylgyrdy. Indi onuň nobaty gelipdi. Ol maňa öz dükanyny görkezdi: dürli nyrhlardan Injiliň dürli neşirleri. Hemme wagt ol meniň hakykatdan hem kimligime göz ýetirmek üçin, ol menden maglumatlary çekip alýardy. «Siz näme üçin Polşa geldiňiz?» — diýip, birden ol sorady. «Bir agza ejir çekse, onuň bilen ähli agzalar bile ejir çekýärler», — diýip, men Korintoslylara Birinji hatdan goşgyny gaýtaladym. Dükanyň eýesi meniň ýüzüme dikanlap garady. «Biz ejir çekmeler barada aýdamzok, — diýdi, — tersine, men size Injilleri örän arkaýynlykda neşir edýänligimiz we ýaýradýanymyz barada aýdýaryn». Ol mesihileriň düzgün bilen özara gatnaşyklarynyň oňat nusgasy görnüşinde maňa bir waka barada gürrüň berip başlady. Hatda Stalin hem ölmeziniň öň ýany, oňa Injil dükany hakynda aýdanlarynda ýylgyrypdyr. Dükanyň eyesi bir gezek onuň dükanyna iki sany ýokary wezipeli işgäriň gelenini we oňa hat görnüşindäki görkezmäni gowşuranlaryny aýtdy. Staliniň doglan gününiň şanyna her dükan öz tekjelerinde, iň oňat harytlaryň arasynda Staliniň bir suratyny asyp goýmalydylar. «Elbetde, — diýip dükanyň eýesi dowam etdi, — men şatlyk bilen görkezmäni ýerine ýetirdim. Men her gün dükanlara aýlanýardym we ahyr agtarýan zadymy: Staliniň ullakan portretini tapdym, suratda onuň elleri döşüniň üstünde goýlupdy we ýüzünde hem ýakymly ýylgyryş bardy. Men bu portreti öz tekjämde ýerleşdirdim. Soňra men iň gymmat Injili aldym we ony Mesihiň aýdan sözleri çap edilen sahypasyny açyp, edil Staliniň aşak seredip duran garaýşynyň aşagynda ýerleşdirdim. Meniň sergim hemmelere ýarady, sebäbi, tekjäniň öňünde örän çalt adamlaryň toparlary ýygnanyşyp başladylar we hemmeler ýylgyrýardylar. Halk polisiýasy hem gelip ýetdi. «Muny dessine aýryň!» — diýip olar buýurdylar. «Ýok jenaplar, — diýip jogap berdim. — Men muny edip bilmerin, sebäbi muňa ynha hökümetiň beren görkezmesi bar». Men güldüm, dükanyň eýesi bolsa gülmedi. Hatda onuň gozleri hem gülmedi. Bu meniň gury we iki ýüzli ikiruhlulyk bilen duşuşygymdy, ol mesihileriň jemgyýetiniň durmuşynda Demir perdäniň aňyrsynda wajyp keşbi oýnaýardy ahyryn. Men ýüzümi hojaýynyň ýüzüniň agyr görnüşine gabat getirmek üçin, howlukmaçlyk bilen öz ýüzüme gamgyn keşp berdim. Biz gürleşip durkak, dükana birnäçe adam geldi. Bu kiçijik dükana şunça adamyň gelip–gidýäni meni örän gyzyklandyrdy. Biz ýene-de ikiçäk galanymyzda, men dükanyň eýesinden başga kommunistik ýurtlrada hem şular ýaly Injil dükanlary barmyka diýip soradym. «Bir ýerde bar, başga ýerlerde ýok,» — diýip ol jogap berdi-de, kitap tekjeleriniň tozanlaryny süpürip başlady. «Russiýada hakykatdan hem Injilleriň sany örän azdyr diýip pikir edyärin. Maňa hatda Injil arkaly adamlar kän pullary gazanýarlar diýip gürrüň hem berdiler. Adam gaçak haryt bilen on sany Injili Russiýa geçirýär we olary şeýle bir gymmat bahadan satýarmyş, hatda ol pullara bir motosikl alyp hem bolýarmyş. Soňra ol bu motosikli Polşa, Ýugoslawiýa ýa-da Gündogar Germaniýa getirýär we ony köp girdejili satýar, ol pullara ýene-de kän Injil alýar. Ýöne bu, elbetde, gürrüň». Şol gün men ertiri Injil dükanynyň eýesi bilen geçirdim, ol ýerden gitmeli wagt gelende, men kynlyk bilen onuň bilen hoşlaşdym. Yzyma gaýdyp barýarkam, men gören zatlarymy kellämde aýlamaga çalyşdym. Ynha dükan, ol Injilleri isleýän adamlaryň hemmesine aç-açan satýar we bu hakykat, meniň Gollandiýada ýygy-ýygydan eşidýän gazaply yzarlamalar baradaky gürrüňlerim hiç hili şaýat bolup bilmeýärdi. Ýöne şonda-da meniň dostum özüni şeýle bir seresaplyk bilen alyp barýardy, hamala diýersiň edil, gizlin telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýalydy. Dükany işletmekde bir hili dartgynlyk we aljyraňňylyk duýulýardy, bular ähli zatlaryň ýönekeý bolmaýanlygyna şaýatlyk edýärdiler. Nähili-de bolsa, men nämäniň hatyrasyna gelen hem bolsam, ony berjaý etmedim. Men köçelerde aç-açan özümiň «ýigrimi alty sany esgerjiklerimi» paýlamak isleýärdim we soňra nämeleriň bolup geçjekdigine syn edesim gelýärdi. Şol sebäpli hem, men birnäçe günläp yzly-yzyna çatryklarda durdum, ýalpyldap duran we şireli tomus miwelerinden doly bazarlara bardym, tramwaýlarda aýlandym we hemme ýerde öz kitapçalarymy paýlaýardym. Men ozal hiç haçan tramwaýlaryň şeýle köp adamly bolýanyny görmändim. Adamlar wagonyň salonynda, meýdançalarda we basgançaklarda durýardylar. Bir gezek, ýadyma düşýär: meni yzky meýdançada şeýle bir gysdylar welin, men öz kitapçalarymy, olaryň ýygrylmazlygy üçin adamlaryň kelleleriniň ýokarsyna galdyrdym. Meniň gapdalymda duran obaly bir aýal, menin elimdäki kitapçalarymy görüp çokundy we şeýle diýdi: «Hawa, hawa, bu edil biziň Polşamyza gerek zat». Elbetde. Ýöne men onuň Gündogar Ýewropaly katolikdigini bilýärdim, men bolsa Günbatarly protestant, biz doly tramwaýda, ýönekeý bir mesihiler hökmünde duşuşdyk. Günler geçip durdy we maňa şäheriň köcelerinde öz kitapçalarymy ýaýratmaga hiç kim päsgel berenokdy. Men beýle garaşylmadyk şowly wagyzçylyk tejribä guwanyardym. Men öz kitapçalarymy hemmelere we ähli ýerde paýlaýaryn diýip hasap edýärdim. Ýöne bir gezek irden birden men biziň mekdebimiziň golaýyndaky ýerleşýän esger jaýlary barada pikirlendim. Meniň esgerlere kitapçalary hödürlemek hatda kelläme-de gelenokdy, sebäbi olaryň diňe daş sypatlary meni olardan ters tarapa ädimlerimi çaltlandyrmaga mejbur etdirýärdi. Adam nähili derejede kör bolup bilýär! Kim-kime, ýöne men haýsydyr bir adam hakynda onuň daş sypatyndan netije çykarmaly däldigini bilmeli ahyryn. Şüweleňiň tamamlanjak wagtyna golaý men garawulda duran esgerleriň toparynyň ýanyna bardym we olaryň her birine bir kitapça gowşurdym. Olar ilki bilen kitapça seretdiler, soňra maňa, soňra bolsa biri-birlerine garadylar. Men olara özümiň gollandiýalydygym barada aýtdym we olaryň arasynda biri nemes dilinde gürleýän eken. «Size amerikalylaryň eýelemegi sebäpli örän agyr bolsa gerek». «Näme sebäpden?» «Gollandiýanyň amerikanyň harby-howa güýçleri tarapyndan eýelenendigi üçin». Men olara Gollandiýany hiç kim eýelemedi diýip düşündirip gutarmankam, esgerler birden dikeldiler. Biz tarapa ofiser yöräp gelýärdi, ol gelşine polýak dilinde buýruk berip gelýärdi. Alty sany esger çaltlyk bilen gitdiler. Ýöne men olaryň kitapçalaryny ýygnanlaryny gördüm. «Siz bu esgerlere näme berdiňiz?» — diýip ofiser menden nemes dilinde sorady. «Ynha şuny, jenap» — diýip, men oňa özümiň kitapçalarymyň birini gowşurdym. Ol oňa üns bilen seretdi. Diňe iki sagat geçenden soň, biz ahyryn hoşlaşdyk. Ertesi biziň toparymyz gaýdýardy, men gaýtmaga ýola taýýarlanmalydym. Biz hoşlaşan wagtymyz, ofiser (ol prawoslaw maşgaladandy) maňa Hudaýdan gowulyklary diledi we howpsuz syýahaty arzuw etdi. Meniň Warşawadaky günlerimiň iň soňky säheri hem gelip ýetdi. Men adatdakymdan ir oýandym we daň atanda köçä çykdym. Şäheriň giň köçeleriniň birinde men oturgyç tapdym, onuň üstüni süpürdim-de oturdym we jübide göterilýän Injiliň sahypasyny açdym. Men ýörite ir çykypdym. Meniň Warşawada bolan wagtymda duşan ähli adamlarymyň her biri üçin dileg edesim gelýärdi. Şol säherde men bolan ýerlerimi we duşuşan adamlarymy hem ýatladym. Üç dynç günlerinde men preswiterianlaryň, baptistleriň, rim-katoliki, prawoslawlaryň, reformatorlaryň we metodistleriň ybadathanalaryny gördüm. Maňa ýygnananlaryň öňünde bäş gezek çykyş etmegi teklip etdiler. Men Injil dükanyna bardym, esgerler we ofiser bilen, köçelerdäki adamlar, tramwaýlardaky adamlar bilen gürleşdim. Men olaryň her biri üçin dileg etdim. Men dileg edip durkam, birden sazyň sesini eşitdim. Onuň sesi köçe boýunça maňa ýakynlaşyp gelýärdi. Bu şadyýan marşdy, ol saza aýdym aýdýan sesler goşulypdylar. Soňra men ony gördüm — meniň Polşa gelmegimiň iň esasy pursaty — şüweleňiň dabarasy. Bu hakykatdan hem düzgüniň ynanyp bolmajak ägirt dabaraly ýörişidi. Olar ýakynlaşýardylar, köçe boýunça aşaklygyna barýardylar. Men olaryň hiç biriniň mejbur edilip gidip barýandygy barada bir sekunt hem pikirlenmeýärdim. Olar barýardylar, sebäbi olar ynanýardylar. Olar her hatarda sekiz adamdan ýöräp barýardylar: sagdyn, doly manyly durmuşly, sakgallary arassa alnan we saçlary oňat serenjamlanan. Olar aýdym aýdýardylar we olaryň sesleri gykylyk ýaly bolup görünýärdi. Olar meniň ýanymdan on minudyň dowamynda, onsoň bäş minutlap geçdiler, ýaş erkek adamlaryň we aýallaryň yzy üzülmeýän toparlary. Bu maňa örän ýiti täsirini ýetirdi. Bular XX asyryň Injilçileridiler. Bu adamlar, özleriniň hoş habarlaryny aýtmaga gelen adamlardylar. Olaryň hoş habarlarynyň mazmuny, Hudaý hakyndaky köne göz öňüne getirmeleriň durnukly däldigi, köne we gadymy ynamlary barada ýüzlenme bolup durýardy. Adam öz-özüne hojaýyndy we onuň gelejegi onuň öz elindedi. Biz, Gündogardakylar, meniň gapdalymdan henize çenli geçip barýan we şeýle äheňde çapak çalyp barýan müňlerçe ýaşlara näme edip bileris? Olary öldürmelimi? Muny eýýäm milletçiler hödürläpdiler. Olaryň çagyryşyny kabul etmän, olaryň utmagyna ýol bermelimi? Meniň WEC-e we onuň wagyzlyk kolejine bolan ähli söýgüme we hormatyma garamazdan, bir zady aýtmaly, olaryň hiç biri Demir perdäniň aňyrsyna iberilmändiler. Biz näme etmeli? Men näme etmeli? Injil meniň dyzlarymyň üstünde açyldy we ýeňiljek şemal onuň sahypalaryny şakyrdatdy. Men sahypalary saklamak üçin elimi goýdum we meniň gözlerim Ylham Kitabyna düşdi. Meniň barmagym sahypada edil meniň okamaly ýerimi görkezýän ýaly bolup durdy. «Oýan, — diýip Injil meniň barmaklarymyň aşagynda aýdýardy, — «Ölüme ýakyn bolan başga zatlary tassykla...». Birden men, daş-töweregime gözýaşlaryň perdesiniň aňyrsyndan seredyändigime düşündim. Eý Hudaýym, bu sözleri maňa Hudaýjan aýdýarmyka, meni onuň durmuş üçin göreşýän, ejir cekýän Ybadathanasynda Demir perdäniň aňyrsynda ömrüm ötýänça galmagyma çagyrýarmyka? Maňa bu ýerde galan şol gymmatlyklary tassyklamak tabşyryldymyka? Ýöne muňa ynanar ýaly däl ahyryn! Men başararynmy? Meniň bilşime görä, 1955-nji ýylda bu äpet wagyzçylyk meýdançasynda ýekeje wagyzçy hem ýokdy. Men ýeke özüm näme edip bilerdim, edil meniň gapdalymdan geçip giden äpet güýjüň garşysyna, meniň arkamda hiç hili gaznalaryň, hiç hili guramalaryň ýoklugynda men ýeke özüm näme edip bilerin? Sekizinji bap AZAP KÄSESI Biziň otlymyz Amsterdama takyk tertip boýunça baryp ýetdi. Men ýolagçylaryň bir topary bilen bile çykdym, meniň çybyk mahmaldan jalbarym heniz hem pasyrdap durdy, ýöne meniň çemodanym Warsawa baranymdaka garanda has ýeňildi. Men otludan düşen badyma Wittä ugramadym. Onuň deregine ilki bilen Uetstrler bilen, olaryň Amsterdamdaky täze öýlerinde görüşmekçi boldum. Jaýlary şeýle ajaýyp eken. Olaryň jaýy agaçlar owadan edilip ekilen köçede, derýanyň golaýynda ýerleşýän mele kerpiçden salnan owadan jaýdy. Jaýyň öňünde mawy reňkli täzeje «Folkswagen» durdy, ol barada maňa jenap Uetstra ýazypdy. Men öz çemodanymy ýanýodada goýdum we kiçijik gapyny açmaga synanyşdym. «Hawa, oglum nähili, seniň göwnüňe ýaradymy?» Men yzyma gaňryldym we ýylgyryp duran jenap Uetstrany gördüm. Ol şol wagtyň özünde meni kenara aýlanmaga äkitdi. «Bolýa-la, owünmegi bes edeli, indi sen Polşa baryp gelişiň barada gürrüň bersene». Günüň galan wagtynda men Uetstrlere özümiň Polşa baryp gaýdyşym barada gürrüň berdim. Şeýle hem men, ýokardan gulagyma gelen Injil goşgusy hakynda hem aýtdym. «Ýöne men haýsydyr bir zady nähili tassyklap bilerin ahyryn? — diýip soradym. — Mende näme beýle güýç barmy?» Jenap Uetstra kellesini ýaýkady. Ol meniň aýdan gürrüňlerimden bir gollandiýalynyň şeýle uly mätäçligi kanagatlandyryp bilmejekdigi bilen ylalaşdy. Ýöne hanym Uetstra muňa düşündi. «Elbetde, hiç hili güýç ýok! — diýip ol şadyýan gygyrdy. — Ýöne, haçan biz güýçsüz bolanymyzda, edil şol wagt hem Hudaýyň bizi iň oňat usul bilen ulanýanlygyny sen bilýärsiňmi? Mümkin ony sen bilýän dälsiň, ýöne Demir perdäniň aňyrysynda durmuşa meýilnamalary bar bolan Mukaddes Ruh dur? Sen bolsaň güýç barada aýdýarsyň...» Meniň Wittä gaýdyp gelmegim, ýakymly garaşylmadyk sowgat diýip atlandyryldy. Bütin agşam bize goňşularymyz soraglary bilen geldiler, sebäbi 1955 — nji ýylda Günbatarly adamlaryň ýaňy Demir perdäniň aňyrsyna geçip başlan wagtlarydy we kommunistik dünýä syrlaryň perdesi bilen dolangydy. Ýöne ahyr iň soňky myhman öz agaç köwüşleri bilen köpriniň üstünden geçende hemmeler ýatmaga gitdiler. Men gerindim, özümiň boşan ýeňiljek çemodanymy aldym we Korneliusyň ýanyna üçege çykmak üçin merdiwana tarap göneldim. «Bir minut, Andi», — diýip Geltýe çagyrdy. Men saklandym. «Biz saňa bir zat görkezmekçi!» Men merdiwandan düşdüm we Geltýeniň yzy bilen otaga girdim, ol otag ozal ejemiň — kakamyň ýatýan otagydy. Bu ýer ähli ýogalan ýakynlarymy ýadyma saldy. Men Basyň ýorgançanyň aşagyndaky gymyldysyz bedenini, ursuň ahyrky aýlaryndaky ejemi — onuň kellesini ýassykdan galdyrmaga ysgynsyz halyny ýatladym. «Biz kakama saraýyň ýokarsynda täze otag gurduk, — diýip Geltýe aýtdy, — şol sebäpli hem bu otagy saňa bermeli etdik». Meniň demim tutuldy. Iň oňat arzuwlarymda hem men özümiň hususy otagym bolar diýip oýuma-pikirime getirip bilemokdym. Maňa bu sowgady etmek üçin, Ari bilen Geltýeniň nähili pidalara razy bolandyklaryna düşündim. «Diňe öýlenýänçäň!» — diyip, kakam myhman otagyndan gygyrdy. Kakam ozüniň 27 ýaşly oglunyň sallahlyk durmuşy bilen hoşlaşmalydygy barada soňky wagtlarda ýygy-ýygydan ýatlaýardy. «Diňe öýlenýänçäň!» Men kynlyk bilen minnetdarlyk sözlerini tapdym! Şol gije hemmeler uklanlaryndan soň, men gapyny ýapdym we otagyň içinde eýläk-beýläk ýöräp başladym we otagdaky mebele seredýärdim. «Hudaýjan, oturgyç üçin sag bol. Býuro üçin sag bol...» Men özüme hat ýazmak üçin stol goýaryn. Men ony şu ýerde goýaryn we öz otagymda oturaryn — okaryn, işlärin, meýilnamalarymy düzerin. Meniň öýe gaýdyp gelenime bir hepde hem geçmänkä, maňa çakylyklar gelip başlady. Ybadathanalar, klublar, raýatlyk edaralary we mekdepler — hemmeleriň Demir perdäniň aňyrsyndaky durmuş hakynda bilesleri gelýärdi. Men ähli çakylyklary kabul etdim. Dogrusyny aýtsam, maňa çykyşlarym üçin hödürlenýän pullar gerekdi. Ýöne ondan has wajyp başga sebäp hem bardy. Edil adamlaryň öňünde çykyş edip, men özümiň gelejekde näme bilen meşgul bolmalydygyma düşünjekdigimi men nähilidir bir duýgy bilen syzardym. Ynha bu hem bolup geçdi. Harlemdäki bir ybadathana tutuş şäher boýunça meniň «Mesihileriň Demir perdäniň aňyrsyndaky durmuşlary» barada gürrüň berjekdigim barada bildirişleri asyp çykypdyr. Bir şähere üç hepde baryp gaýdanymdan soň, men hiç haçan bu mowzuk boýunça çykyş etmändim. Ýöne bu bildiriş diňleýjileriň köp sanlysyny özüne çekipdi we jaý tutuşlygyna doludy. Şeýle hem ol kommunistleri-de özüne çekipdi. Men şobada olary tanadym: olardan käbirleri meniň bilen Warşawada bolupdylar, men bir täsin ýagdaýa düşendigime düşündim. Ýöne meniň geň galan zadym, olar meniň çykyş edýän wagtym hem, gatnaşyjylara sorag bermek rugsat berlende hem hiç hili işjeňlik görkezmediler. Ýöne ýygnakdan soň meniň ýanyma bir aýal geldi. Ol Warşawada bolan ýaşlar wekilleriniň ýolbaşçysydy. «Maňa siziň gürrüň beren zatlaryňyz ýaramady» — diýdi. «Çyn ýürekden gynanýan. Bu hakykatdan hem siziň göwnüňize ýaran däldir diýip oýlanýaryn». «Siz ýagdaýy diňe bölekleýin aýdyňlaşdyrdyňyz, — diýdi. — Görnüşi ýaly siz ähli zady gören dälsiňiz. Siz köpräk aýlanmaly, başga şäherlere barmaly we köp sanly ýolbaşçylar bilen duşuşmaly». Men hiç hili jogap bermedim. Ol gürrüňi haýsy tarapa sowýar? «Başga sözler bilen aýdylanda, siz ol ýere ýene bir sapar barmaly we meniň edil şuny size teklip edesim gelýär, — men demimi saklap diňledim, — bilýäňizmi näme, maňa Çehoslowakiýa gitmek üçin Gollandiýadan on bäş sany adamy saýlap almagy tabşyrdylar. Biz ol ýerde dört hepdeläp bolmaly. Ol ýere talyplar, professorlar, metbugatyň wekilleri giderler. Mundan başga-da biz ol ýere ybadathanadan wekili çagyrmak isleýäris. Siziň gidesiňiz gelýärmi?» Bu ýene-de Hudaýjanyň elimikä? Hudaýjan, meniň öňümde ýene bir gapy açylýarmyka? Men ýene-de Hudaýyň öňünde maliýe üpjünçilik meselesi barada baş egmegi karar etdim. Meniň bu gezek ol ýere gitmäge pulum ýokdy. «Eger Sen meniň gitmegimi isleseň, Hudaýjan, — meniň kellämde ýyldyrym ýaly bir pikir döredi, — Seniň özuň meni pul bilen üpjün edersiň». «Men eşidiler ýaly edip: «Sag bol, — diýdim, — ýöne men bu gezek gidip bilmerin. Örän gynanýan». Men öz ýanym bilen duşuşyga getiren Warşawadaky suratlarymy ýygnap başladym. Men ol aýalyň gözleriniň meniň içimden geçip barýanyny duýdum. «Hawa, onda şeýle, — diýdi, — biz bu meseläni hem çözüp bileris». Men oňa seretdim: «Siz nämäni göz öňunde tutýarsyňyz?» «Gitmek üçin harajatlary. Siziň üçin munuň hiç hili bahasy bolmaz». Şeýdip, meniň Demir perdäniň aňyrsyna ikinji saparym başlandy. Ol maňa edil Polşa syýahatymy ýatladýardy, mundan başga-da, biziň toparymyz gaty bir uly däldi we meniň özbaşdak bir ýerlere barmaga bolan mümkinçiligim azrakdy. Men Çehoslowakiýada Hudaýjanyň maňa nämeleri öwredesiniň gelýänine düşünjek bolup synanyşýardym. Bu ýerde dört hepdäniň dowamynda ahyrsoňy men jogap tapdym. Hemme ýerde maňa kommunistleriň barlygyndan peýdalanýan dini erkinlikleri barada gürrüň berýärdiler. Bu ýerde, ýagny Çehoslowakiýada, bize ýol beledi gürrüň berýärdi, bu ýerde hatda döwlet üpjünçiligindäki alymlaryň bir toparynyň barlygy barada aýtdy. Olaryň häzirki wagtda Injiliň täze terjimesini tamamlandyklary we indi olaryň Injil sözlügini taýýarlamagyň üstünde işleýändiklerini aýtdy. «Meniň şol alymlar bilen duşuşasym gelýär», — diýdim. Edil şol günüň özünde meni Praganyň merkezinde ullakan bir edara äkitdiler. Bu ybadathanalaryň arasyndaky merkezdi — Çehoslowakiýadaky ähli protestant ybadathanalarynyň merkeri jaýydy. Bu äpet jaýda, dürli görnüşli gulluklaryň ýerleşendigini görenimde, mende ilkinji dörän täsir — bu aňk bolup galmakdy. Meni edara jaýlary boýunça aýlap çykdylar, gara kostýum geýen alym görnüşli adamlar galyň kitaplaryň we kagyzlaryň toplumynyň aňyrsynda otyrdylar. Maňa bu adamlaryň Injiliň täze sözlüginiň üstünde işleýändiklerini aýtdylar. Bu zatlaryň hemmesi maňa örän uly täsir etdi. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan geň galdyryjy birnäçe ýagdaýlar ýüze çykyp başlady. Men täze terjimäniň garalamalaryny görüp bolarmyka diýip soradym welin, maňa tasir ediji we agyr golýazmany görkezdiler. «Hä, terjimäni entek çap etmediňizmi?» — diýip soradym. «Entek çap edemzok, — diýip alym jogap berdi. Onuň ýüzi bir hili gaýgylydy. — Ol eýýäm uruş döwründen bäri taýýar dur, ýöne...». Ol toparyň ýolbaşçysynyň ýüzüne garady we öz gürrüňini tamamlamady. «A Injiliň sözlügu näme? Ol eýýäm taýýarmy?» «Taýýar diýen ýaly». «Injilsiz Injiliň sozlüginiň bolanynynyň haýry näme? Öňki terjimeler barmy?» Hamala diýersiň, näme aýtmalydygyny çözmäge hyýallanýan ýaly, alym ýene-de toparyň ýolbaşçysynyň ýüzüne seretdi. «Ýok, — diýip ahyr hüňürdedi. — Ýok, munuň hemmesi örän çylşyrymly. Şu wagt Injili tapaýmak örän kyn». Toparyň ýolbaşçysy şunuň bilen biziň gürrüňimizi tamamlamagy karar etdi. Meni jaýdan çykardylar we sorag bermäge mümkinçilik bermediler. Hemme zat aýdyňdy. Men hiläniň nämededigine düşündim. Täze düzgün bu hoşniýetli halka aç-açan garşy durmaýardy-da, olara gizlenpeçek oýnamagy hödürläpdi. Hökümet Injiliň terjimesi boýunça zähmete hak tölemäge taýýardy, ýöne ol hiç haçan neşir ediljek däldi. Şeýle hem ol täze Injil sözlüginiň döredilmegi üçin hem töleýärdi, ýöne Injilsiz onuň hiç hili gymmaty ýokdy. Ertesi men biziň ýolbeledimizden Ýungmanow köçesiniň 9-njy jaýyndaky dinara kitap dükanyna äkitmegini haýýs etdim. Men hakykatdan hem Injili satyn almagyň kynlygyny göresim geldi. Dükanda köp sanly saz eserleri, kanselýariýa harytlary, suratlar, heýkeljikler, haçlar, azda-kände dine gatnaşygy bolan kitaplar kändi. Gollandiýada islendik suňa meňzeş dükanlarda, hökman Injiliň dürli neşirleri bilen doldurylan bölüm bolýardy. «Isanyň sözleriniň aşagy gyzyl reňk bilen bellenen Injili görüp bolýarmy?» — diýip, men satyjydan soradym. Men nemes ýa-da iňlis dillerinde gürlänimde, onuň maňa düşünmeginde kynçylyklaryň ýüze çykmajagyna sorap duran wagtym düşündim. Satyjy kellesini ýaýkady: «Gynanýaryn, jenap. Häzir beýle Injiller satuwda ýok». «Adaty tekstli Injil barmy?» Ýöne bu neşiriň hem dükanda ýoklugy aýan boldy. Men: «Hanym, — diýdim, — bu ýere Gollandiýadan Çehoslowakiýada yabadathananyň nähili ýagdaýdadygyny ýörite görmäge geldim. Siziň näme, ýurduň iň uly dini dükanynda ýekeje-de Injiliň ýoklugyny aýdasyňyz gelýärmi?» Satyjy ötünç sorady we perdäniň aňyrsyna sümülip gitdi. Perdäniň aňyrsynda ýuwaş ses bilen gürleşýänleri we kagyzlaryň şykyrdysy eşidildi. Soňra mele reňkli kagyza dolanan bir tokgany göterip, dükanyň iş dolandyryjysy geldi. «Ynha, jenap». Men oňa minnetdarlyk bildirdim. «Injiller häzirki wagtda örän seýrek haryt boldular, sebäbi biz onuň täze terjimesini taýýarlaýarys, — diýip iş dolandyryjy aýtdy, — tä ol neşir edilýänçä, köne görnüşlerini çap etmeýärler». Biziň Pragada bolmagymyzyň iň soňky güni gelip ýetdi. Biziň üçin uly maksatnama taýýarlanypdy: ilki bilen şäheriň daşyndaky göreldeli kolhoza gezelenç etmek, nahardan soň metbugat–konferensiýasy, soňra bolsa Praga bilen hoşlaşyk. Salykatlylygyň hatyrasyna, bu çäreleriň ählisine gatnaşardym. Eger bir ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa — bu dynç günüdi, ýagny toparymyzyň ýolbaşçysy tarapyndan gözegçiliksiz meniň çeh ybadatçylary bilen dilegde dyzlarymy epmäge iň soňky sapar mümkinçiligim bardy. Men özümiň gaçmak meýilnamamy birnäçe günüň dowamynda taýýarlapdym. Men özümiziň syýahat edýän awtobusymyzyň yzky gapysynyň bozulanyny görüpdim. Hatda gapysy ýapyk wagty hem onda aýagyň sygar ýaly deşik galýardy. Ynha men demimi içime çekip... Iň soňky gün awtobus duran ýerinden gozgananda, men yzky oturgyçda otyrdym. Swetoforyň ýanynda her gezek saklananda, men hiç kime bildirmän awtobusdan sümülip çykmaga synanyşýardym. Ýöne hemmeler daş-töwerekdäki gözellikleri görmek üçin kellelerini eýläk-beýläk aýlaýardylar. Ahyrsoňy hemmeleriň gözleri öňe dikildi, öňde duran haýsydyr bir gahrymanyň atyň üstünde duran bürünç heýkeline seredýärdiler. Men öňde-soňda onuň kimiň heýkelidigine düşünmedim, sebäbi ýolbelet ol barada gürrüň berip başlanda, men kükregime howany sordum-da, deşigiň arasyna sümüldim we köçäniň ugruna düşdüm. Tormozlar jygyldadylar we kuwwatly motor şaglap gitdi. Men Praganyň köçelerinde ýeke özüm galdym. Ýarym sagatdan men şäher boýunça oňki gezelenjimizde gözüme ilen ybadathananyň uly jaýýnda durdum. Men adamlaryň onuň içine girip gidişlerine seredýärdim. Maňa ybadathananyň Injilsiz hereket edýänini bilmek has hem gyzyklydy. Käbirleri özi bilen senalaryň ýygyndysyny alyp barýardy we ýeke-täk adam Injilli barýardy. Ýöne bir zat meni has hem geň galdyrdy, köp adam öz ýanlary bilen depderleri alyp barýardy. Näme üçin? Gulluk başlandy. Men yzda oturdym. Gullugyň iň başyndan men geň galmagymy bes edemokdym. Hemmeler diýen ýaly uzakdan görýän bolup çykdylar ahyryn! Ýygyndylaryň eýeleri öz ýygyndylaryny ellerini uzadyp howada-ýokarda saklap durdylar. Ellerinde depderleri bolan adamlar hem edil şeýdip durdular. Men muňa diňe soň düşündim: ýygyndysy bolan adamlar, olary beýlekiler hem görer ýaly edip saklaýardylar. Olaryň depderlerinde bolsa, olaryň söýgüli aýdymlarynyň we senalaryň notalary, sözleri ýazylgydy. Injiller bilen hem edil şonuň ýaly edilýärdi. Ybadatçy goşgyny yglan edende, Injilli her bir adam ony töwerekdäkiler görer ýaly ýokary galdyrýardy. Men ol adamlaryň Söze ýakyn barmak üçin nähili göreşýändiklerine syn edip durdum we meniň elim jübimdäki Injili berk gysyp durdy. Men hemişe özümde bu kitaby saklamaga bolan hukugymyň öz-özünden bolaýmaly zat diýip hasap edýärdim. Men oýlanýardym, ýagny ol kitaby hiç haçan elime almaryn diýipdim, ýöne munda meniň öňümde barmaklarynyň ujunda zordan duran garryja mamany ýadyma saldym, ol öz oglunyň kellesiniň ýokarsyndan Mukaddes Ýazgyny okamak üçin boýnuny uzadyp durdy. Gullukdan soň men yabadatça özüm barada aýtdym. Men özümiň Gollandiýadan ýörite Çehoslowakiýanyň mesihileri bilen duşuşmaga gelenligim barada aýdanymda, ol öz tolgunmalaryny kynlyk bilen saklaýan ýaly bolup göründi. «Men eşitdim, — diýdi, — Çehoslowakiýanyň öz serhetlerini açmaga taýýarlanýanlygy barada eşitdim. Ýöne men muňa ynanamok. Uruş gutarandan soň... — diýip ol garanjaklady, — biz edil türmede ýaly. Maňa siziň bilen gürleşmek gerek». Biz onuň bilen bile öýüne gitdik. Men diňe gijräk 1955-nji ýylda munuň onuň üçin örän howpludygyny bildim. Ol hökümetiň ybadathanany öz gözegçiligine almaga synanyşýandygyny aýtdy. Edil hökümetiň özi talyplary seminariýada saýlap alýardy we ol ýere şu wagtky düzgün bilen razylaşýanlar barýardylar. Mundan başga-da, gulluk ediji öz ygtyýarnamasyny her iki aýdan uzaltmalydy. Onuň dostuna arada muny etmekden hiç hili düşündirişsiz boýun gaçyrypdylar. Her bir ybadaty öňünden taýýarlamalydy we hökümet bilen ylalaşylmalydy. Her bir ybadathana degişli edaralara öz öňdebaryjylarynyň sanawyny hödürlemelidi. Geçen hepdede Brnoda bäş sany doganyň, olaryň ybadathanasynyň öz öňdebaryjylary barada sanawy bermänleri sebäpli olara kazyýetde işlerine garalypdy. Ikinji gezek Hudaýa gulluk etmeklik başlanmalydy. «Siziň bizde çykyş edesiňiz gelenokmy?» — diýip birden ol sorady. «Bu mümkinmi? Men hakykatdan hem bu ýerde wagyz etsem bolýarmy?» «Ýok. Men “wagyz etmeli” diýemok. Gürläniňizde seresap bolup gürlemeli. Siz daşary ýurtly raýat bolanyňyz sebäpli, siz ybadat edip bilmeýärsiňiz, ýöne siz Gollandiýadan “salam aýdyp” bilersiňiz, — meniň dostum ýylgyrdy, — eger isleseňiz, siz Hudaýyň adyndan “salam aýdyp” bilersiňiz». Meniň terjimeçim lukmançylyk institutynyň talyby Antonin atly talypdy. Ilki bilen men Gollandiýanyň adyndan salam aýtdym. Muny aýdýançam iki minut geçdi. Soňra men ýarym sagadyň dowamynda gelenlere «Isa Mesihiň adyndan» salamlary gowşurdym. Bu şeýle bir gowy boldy welin, Antonin maňa başga ybadathanada hem çykyş etmegi teklip etdi. Şol günde men jemi dört gezek ybadat etdim we ýene-de bäş sany ybadathana bardym. Her biri özbaşyna ýatda galyjydy, ýöne iň soňky — aýratynam ýatda galyjydy. Sebäbi men edil şol ýerde Azap käsesini aldym. Agşam sagat ýedidi. Men öz toparymda meniň ýoklugyma biynjalyk bolýanlaryna düşünýärdim. Men olary tapmaga synanyşmalydym. Ýöne men bu barada oýlananymda, Antonin menden ýene-de bir ybadathana barmak isleýänimi sorady, ol ýerde, onuň pikir edişine görä, adamlar daşary ýurtly adam bilen duşuşygä örän mätäçdikleri barada aýtdy. Şol sebäpli hem, biz ýene-de ýola düşdük we basym Morawdaky kiçijik ybadathana baryp ýetdik, ol bir çet ýerde ýerleşýän eken. Men ol ýerde ýygnanan adamlaryň köplügini, esasan hem ýaşlaryň köplügini görüp geň galdym. Ol ýerde on sekiz ýaşdan ýigrimi baş ýaşa çenli aralykdaky takmynan kyrka golaý adam ýygnanypdy. Men öz salamymy berdim, soňra bolsa, men sowallara jogap berdim. Gollandiýada mesihiler gowy iş tapyp bilýärlermi? Eger sen ybadathana gatnasaň, sen hakynda hökümete aýdýarlarmy? Ybadathana gatnap we şol bir wagtda unuwersitete okuwa girip bolýarmy? «Bilýärsiňizmi näme, — diýip Antonin aýtdy, — häzirki wagtda Çehoslowakiýada mesihi bolmak halanmaýan zatlaryň biri. Bu adamlaryň birnaçesi şeýle sebäplere görä gara sanawa girizilen we özlerine iş tapyp bilenoklar. Köpler bilim alyp bilmeýärler. Şol sebäpli hem, — ol öz ýanynda duran ýaş oglanyň elinden kiçijik gutujygy aldy, — olar muny size sowgat etmekçi». Ýaş oglan janygyp, çeh dilinde bir zatlar aýdýardy. «Muny siz özüňiz bilen Gollandiýa äkidiň, — diýip Antonin terjime etdi, — adamlar sizden bu näme diýip soranlarynda, olara biz barada gürrüň beriň we biziň hem Mesihiň Bedeniniň bir bölegidigimiz barada ýatladyň we biziň azap çekýänligimiz barada hem aýdyň». Men gutujygy açdym. Onuň içinde kiçijik käsejik görnüşinde ýasalan döşe dakylýan kümüş nyşanjyk ýatyrdy. Men eýýäm birnäçe ýaşlaryň eşigine bu nyşanjygyň dakylgydygyny görüpdim, ýöne onuň näme aňladýanyny bilemokdym. Antonin ony meniň penjegime dakdy. «Bu Çehslowakiyada Ybadathananyň nyşany. Biz ony Azap käsesi diýip atlandyrýarys». Antonin meni myhmanhananyň ýanynda galdyranda, men ýene-de onuň aýdan sözleri hakynda oýlandym. Men, edil Çehoslowakiýadaky meshiler ýaly, biziň hem Gollandiýada häzirki zaman Ybadathanasynyň taryhynyň hakyky ýagdaýlaryndan daşlaşanymyza düşünýärdim. Azap käsesi, biziň beýlekiler bilen paýlaşmaly hakykyatymyzyň nyşanydy. Ýöne edil şu wagt men başga hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldum. Men öz toparymy nireden tapmaly? Olar myhmanhada ýokdular we olaryň hoşlaşyk agşamlygyny nirede edinýändiklerini hiç kim bilmeýärdi. Men ozal birnäçe gezek baran restoranymyza bardym. «Ýok jenap, Gollandiýadan gelen topar şu gün bu ýerde naharlanmaýar». «Men hiç bolmanda garbansam bolarmy?» «Elbetde, jenap». Men çöregimden bir saparjyk dişledim welin, gapy birden giňden açyldy we ol ýere toparymyzyň ýolbaşçysy girdi. Ol töweregine çaltlyk bilen garady we meni görüp uludan ýeňillik bilen dem aldy. Ýöne edil indiki sekuntda bolsa onuň ýüzünde gahar peýda boldy. Ol meniň oturan stolumyň ýanyna uçup diýen ýaly ýetdi, hyzmatçynyň öňüne hasaby zyňyp goýberdi-de, kellesini ýaýkap maňa gapyny görkezdi. Onuň şu wagt gürlemäge ýagdaýynyň ýoklugy görünýärdi. Köçede bize hökümet maşyny garaşyp durdy — motory işläp duran gara uzyn limuzin, onuň rulunda diýseň ýakymsyz sürüji otyrdy. Biz maşynyň golaýyna baranymyzda, ol çykdy, gapyny açdy, biz oturanymyzdan soň hem gapyny ýapyp goýberdi. Meni nirä alyp barýarlar? Beýle görnüşleri Golliwudyň filmleri bilen deňeşdirdim-de, men haýsy ýere barýanlygymyzy ýatda saklamaga synanyşdym. Maşynyň barýan ugruna syn edip, men birden bu gülkünç ýagdaýa düşündim. Maşyn bizi myhmanhana tarapa äkidip barýardy. Biz myhmanhana has golaýlanymyzda, toparyň ýolbaşçysy ilkinji sözleri aýtdy. «Siz bizi ýarym günläp sakladyňyz. Biz ähli hassahanalara, ähli polisiýa bölümlerine jaň edip çykdyk. Biz hatda öliler saklanýan ýere-de jaň etdik. Gynansak-da, biz sizi ol ýerden tapmadyk! Siz nirede bolduňyz? Men «Oho — ow, — diýdim, — topardan yza galdym, pyýada gezelenç etdim. Sizi biynjalyk edenim üçin, men örän gynanýaryn». «Diýmek, jenap, men size resmi taýdan aýtmaga mejbur bolýaryn, size bu ýerde indi garaşmaýarlar. Eger siz bu ýurda ýene-de gelmäge synanyşsaňyz, siz muňa özüňiz göz ýetirersiňiz». Bu edil şeýle hem boldy. Bir ýyldan men Çehoslowakiýa gitmek üçin wiza almaga synanyşdym. Maňa wiza bermediler. Bu synanyşykdan soň ýene-de iki ýyl geçenden soň men ýene wiza bermeklerini soradym, ýöne bu gezek hem maňa wiza bermediler. Diňe 70 — nji ýyllarda maňa bu ajaýyp ýurda gelmäge mümkinçilik berdiler. Bu wagta çenli men mesihileriň yzarlanyşlary barada şeýle bir zatlary bildim welin, meniň üçin Çehoslowakiýa biziň bilen deneşdireniňde erkin ýurt ýaly bolup göründi. Dokuzynjy bap DÜÝBI TUTULDY Soňky birnäçe aý meniň üçin örän ejirli bolup göründi. Polşa we Çehoslowakiýa gitmegim, öz-özünden diýen ýaly, meniň hiç bir goşulmazlygymda bolup geçdi. Ýöne indi, men bu ýurtlara ikinji gezek barmak isledim welin ýa-da Demir perdäniň aňyrsyndaky başga döwletlere gidesim geldi welin, men maglumatlar, yza süýşürmeler, üç nusgadaky resmi kagyzlar, hiç hili wiza ýaly köp aýlara çekýän býurokratiýanyň päsgelçilekleri bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldum. Hatda meniň kiçijik otagym hem meniň üçin kynçylyklary döredýärdi. Çehoslowakiýadakam otagym barada ýygy-ýygydan oýlanýardym, meniň şeýle bir öýümize gaýdasym gelýärdi. Ýöne indi men ozal hiç haçan pikir etmedik zatlarym bilen ýüzbe-ýüz boldum. Mümkin hemme zat, elbetde, meniň otagymyň amatlylygynda we rahatlygyndadyr: ol maňa hamala diýersiň ozümiň ýalňyzlygymy ýatladýan ýalydy. Men uzak günüň dowamynda bu otagda oturýardym, wekilliklere hatlary taýýarlaýardym we meniň bilen diňe bir bu otagy däl, eýsem meniň ynamlarymy we durmuşa bolan garaýyşlarymy paýlaşýan aýal hakynda oýlanýardym. Has ýagty günlerde men ýöne öz üstümden gülýärdim: wagyzçylyk işi owadan gyz üçin özüne çekiji pişe däldi, meniň arzuw edýän gyzym bolsa, örän owadandy. Bu owadan gyz özümiň şoňa berlendigimi duýýan işim boýunça näme aýdyp bilerdi? Men oňa diňe aýralygy, syrlylygy we kesgitsizligi hödürläp bilerin ahyryn. Bu meniň özümiň çykarýan netijelerimdi, ýöne meniň arzuwlarymdaky gyz hiç haçan bu kynçylyklar barada gürrüň bermeýärdi. Beýleki kynçylygynyň biri bolsa puldy. Geltýe-de, Ari-de bu mowzuk barada hiç haçan hiç zat aýtmasalar-da, men özümiň hojalygy alyp barmak boýunça harajatlara gatnaşmalydygymy bilýärdim. Men gelenimden soň, basym Gollandiýanyň «Kracht Van Omhoog» atly žurnaly meniň Demir perdäniň aňyrsyndaky başdan geçirmelerim barada birnäçe makala ýazyp bermegimi haýyş etdi. Meniň döredijilik işine kän bir gyzyklanmam ýokdy, şol sebäpli hem men olaryň haýyşyna hiç hili jogap bermändim. Ýöne indi, men öz otagymda boş gapjykly we elde ýasalan hat ýazylýan stoluň başynda otyrkam, meniň göwnüme Hudaý maňa: «“Kracht Van Omhoog” üçin makalalary ýaz» — diýen ýaly boldy. Bu meni şeýle bir geň galdyrdy. Bu ýerde iş diňe meniň dileg eden wagtymdaky pulda däldi: žurnal maňa hiç hili pul hödürlänokdy. Ýöne mende muny gyssagly etmeli diýen duýgy bardy we men sesimi çykarman, diňe bir Polşada gören zatlarym barada däl-de, Çehoslowakiýada gören zatlarym barada hem ýazdym. Ertesi irden men bu makalalary, birnäçe suratlar bilen bile žurnala iberdim. Redaktor maňa minnetdarlyk bilen jogap iberipdir, ýöne edil meniň pikir edişim ýaly, hiç hili galam haky gelmedi we men bu ýagdaý barada şol wagtyň özünde ýadymdan çykardym. Ynha birden bir gün irden men ýene-de žurnaldan hat aldym. Bir hili geň hadysa bolup geçýärdi: maňa redaktoryň özi ýazýardy. Men makalalarymda hiç ýerde maddy kynçylyklar barada aýtmandym, ýene-de şol baran ýerlerime gitmäge taýýarlanýandygym barada ýatlamandym hem, ýöne Gollandiýanyň ähli okyjylary meniň adyma pul iberip başladylar. Olar köp pul ýollanokdylar, jemi birnäçe guldendi, ýöne redaktor bu pullary nirä ibermelidigini soraýardy. Şeýdibem meniň maliýe üpjünçiligimiň geň galdyryjy bölegi başlandy. Meniň näbelli dostlarymdan ilkinji gelen pullar köp däldi, sebäbi meniň mätäçliklerim hem köp däldi. Men Geltýe hojalyk üçin kömek edesim gelýärdi, meniň köne penjegim has könelip gitdi, men Antonine çeh dilindäki Injilini ibermäge synanyşmaga söz beripdim. Bu talaplary kanagatlandyrmak üçin, men «Kracht Van Omhoogyň» okyjylaryndan azrak pul alýardym. Meniň işlerimiň ýaýrawy giňelip başlanda hem has düýpli mätäçlikler ýüze çykyp başlady we okyjylardan hem gelip gowuşmalar köpeldi. Diňe ýyllaryň geçmegi bilen, Hudaý maňa maliýeleşdirmegiň başga ýollaryny hem açdy. Ýöne «Kracht Van Omhoog» žurnaly bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, men puldan hem gymmat şeýle bir zat tapdym. Bir gezek irden maňa Amersfort obasynyň ybadat toparynyň ýolbaşçysyndan hat geldi. Ol hatda Mukaddes Ruhuň olara meniň bilen aragatnaşyk açmagy salgy berýär diýip ýazypdyr — olar näme üçindigini bilenoklar we meniň Amersforta gelip biljegim barada sorapdyr. Bu meni gaty gyzyklandyrdy. Eger Mukaddes Ruh adamlaryň hereketlerini şeýle aýdyň ugrukdyrýan bolsa, onda meniň bu barada has giňişleýin bilesim geldi. Men Amersforta tarap ugradym. Takmynan on iki sany erkekden we aýaldan ybarat topar gaçylary gurýan Karl de Graf diýen adamyň öýünde duşuşýardylar. Men şu wagta çenli şeýle topary göremokdym. Meniň baran ybadat toparlarymdaky ýaly ýolbaşçy bilen agşamyň taýýarlanylan meýilnamasyna we Injili öwrenmegiň mowzugyna derek, bu adamlar, göwnume bolmasa, wagtlarynyň köp bölegini ýöne diňleýärdiler. Käwagt olar eşitdirip dileg edýärdiler, ýöne ol nobat boýunça kesgitlenen tertipde däldi. Bu dogalar oňat pikirlenilen dileglere däl-de, Hudaýa bolan söýgüniň ýüze çykarylmalaryna meňzeýärdiler. Hamala diýersiň bu otagdaky her bir adam Hudaýyň edil ýakynynda duranyny duýýan ýalydy we Onuň barlygyna bolan guwançlaryndan ýaňa hiç zady islänokdy we hiç zatda mätäçlik çekenokdy, diňe özlerinde saklap bilmeýän şatlyklaryny ýüze çykarýardylar. Käwagtlar topardakylaryň biri anyk bir zady: daşdan getirilýän haýsydyr bir nesihaty, haýsydyr bir maglumaty eşidýärdi. Bular hem eşidiler ýaly edip aýdylýardy. «Amerikadaky Ýosta mama şu günler biziň dileg etmegimize mätäç». «Hudaý, biz Size, edil ýaňy Stefýe üçin dilegimize jogap bereniň üçin Saňa minnetdardyrys». Meni dileg etmekligiň täze görnüşi şeýle bir özüne çekdi welin, toparyň galan agzalary gaýtjak bolup ugranlarynda, hanym Graf bolsa, meni özüm üçin taýýarlanyp goýlan otaga äkitjek bolup baranda, men tumboçkanyň üstünde duran sagadyň görkezýän wagtyna kynlyk bilen ynandym: ol sagat daňdan sagat bäşiň ýaryny görkezýärdi. Birnäçe gün geçenden soň men öz otagymda «Kracht Van Omhoog» üçin makalamyň üstünde işläp otyrkam, Geltýe meniň gapymy kakdy. «Andreý seniň ýanyňa geldiler. Men ol adamy tanamok». Men gapynyň agzyna çykdym we Karl de Grafy gördüm. Men geň galmak bilen «Salam», — diýdim. «Salam Andi. Sen maşyn sürüp bilýärsiňmi?» «Maşyn sürüp?» «Hawa, ýeňil awtoulagy». «Ýok, — diýip men geň galyjylyk bilen jogap berdim, — ýok sürüp bilemok». «Düýn agşam biziň dileglerimizde Hudaýdan sen hakynda bir habar aldyk. Sen hökman maşyn sürmegi öwrenmeli». «Ýöne näme üçin? — diýip soradym. — Meniň hiç haçan maşynym bolmazmyka diýýärin». Jenap de Graf: «Andreý, — diýip, edil gaty bir gowy düşünjesi bolmadyk talyp bilen howlukman gürleşýän ýaly aýtdy, — men saňa logiki teklipleri aýtmakçy bolamok. Men saňa ýöne Hudaýdan gelen habary aýdýaryn». Bu sözleri aýtdy-da, ol aýlanyp, garaşyp duran maşyna tarap ýöräp gitdi. Meniň maşyn sürmegi öwrenmek baradaky pikirim şeýle bir ähmiýetsiz bolansoň, bu pikir boýunça hiç zat hem etmedim. Ýöne bir hepde geçenden soň gaçylary gurujy ýene-de geldi. «Sen eýýäm maşyn sürmegi öwrenmäge başladyňmy?» «...Ýo — ok, entek». «Sen näme diňlemegiň şeýle wajyplygyna düşünmediňmi? Görýän welin, saňa muny özüm öwretmeli boljak öýdýän. Mün». Şol gün meniň on bir ýyl mundan öň harby transportýory sürmekçi bolan şowsuz günümden bäri birinji gezek ruluň başyna geçişimdi. Jenap de Graf soň yzly-yzyna birnäçe gezek geldi we ol şeýle zehinli mugallym eken. Men birnäçe hepdeden soň sürüjilik şahadatnamasyny almak boýunça synagy birinji synanyşykdan tabşyrdym — bu Gollandiýada örän seýrek hadysady. Ýöne men näme üçin maşyn sürmelidigime hiç düşünemokdym. Meniň hatda tigrim hem ýokdy ahyryn. Ýöne jenap de Graf bu mowzuk barada gürleşmeýärdi hem. Ol: «Diňlemekde aýratyn bir şatlyk bar, — diýdi, — Hudaýyň näme barada pikirleneni bolsa soň aýdyň bolar». Soňra meni ähli aladalardan birnäçe wagtlap daşlaşdyran waka bolup geçdi. 1956-njy ýylyň güyzünde Wengriýada gozgalaň boldy, onuň bilen bilelikde bolsa, diňe bir Wengriýadan däl, şeýle hem Ýugoslawiýadan, Gündogar Germaniýadan we başga kommunistik ýurtlardan laplary keç bolan, gorkan adamlaryň Günbatara gaçmaklary başlandy. Bu bosgunlary serhede golaý ýerde äpet lagerlere ýygnaýardylar, ol ýerde gürrüň berişlerine görä, olaryň saklanyş şertleri göz öňüne getirer ýaly däl diýýärdiler. Wittede burgomistriň öýüniň öňünde bir adam çykyş etdi we bosgunlara kömek bermek üçin meýletinçileri çagyrdy. Men birinji awtobus bilen lagere ugradym. Meýletinçiler awtobusyň diňe öňki oturgyçlarynda otyrdylar, onuň galan bölegi bolsa azykdan, geýimden, dermanlardan doludy, olary Günbatar Germaniýadaky we Awstriýadaky iň iri lagerlerde ýaşaýanlaryň arasynda paýlamalydy. Näme-de bolsa, men gören zatlarymy görmäge taýýar däldim. Bir otagda on sany maşgala bolup ýaşaýardylar we olaryň birnäçesi öz otagynyň bir bölegini düşek örtükleri bilen bölüp, özbaşdaklygyň alamatyny döreden bolupdyrlar. Biz mätäçligiň deňzine çümdük; biz geýimleri we dermanlary paýladyk, aýratyn maşgalalar üçin ýer tapmaga synanyşyp, hatlary ýazýardyk, wizalary bermek üçin arzalary doldurýardyk. Şeýle hem, elbetde, mümkinçilik ýüze çykan ýerde men dileg etmeklik ýygnaklaryny geçirýärdim. Edil şonuň bilen hem men üýtgeşik açyş etdim. Bu adamlaryň köpüsi Injil barada hiç zat bilenokdylar. Köne düzgünde ösüp ýetişenler, esasan hem, sowatly däldiler. Kommunistler düzgüninde doglan ýaşlar bolsa, gowy bilim alypdylar, ýöne, elbetde, Injil barada hiç zat eşitmändiler. Şol sebäpli hem men, köplenç, terjimeçileriň kömegi bilen bosgunlary Injil bilimleriniň esaslary bilen tanyşdyryp başlapdym. Öz tejribäm boýunça, men bu bilimleriň nähili ägirtdigini bilýärdim, ýöne Injiliň olar üçin täze hakykat hökmünde adamlara nähili netije berjekdigini görmäge men entek taýýar däldim. Doly lapykeçlikdäki adamlar, ähli şol ýerdäkiler üçin ruhy daýanç bolýardylar. Men gam-gussany umydyň çalyşýanyny, utanjyň deregine bolsa, şatlygyň ýüze çykýanyny görýärdim. Men gartaşan bir maşgalany ýadymda sakladym, olar Ýugoslawiýadan gelen bosgunlardy. Aýaly semizdi we kän arassaçyl däldi, onuň eňeginde bolsa uzynlygy bir dýuýma barabar sakgaly bardy. Ol görgüli ýorgan–düşeklerini arassa saklamak üçin, elinde baryny edýärdi, onuň ata-babasynyň köp sanly neberesi ýaşap geçen öz fermasyndan aýra düşen adamsy bolsa, krowadyň gyrasynda ýöne otyrdy we uzak günläp bimany o tarapdan bu tarapa ýöräp geçirýärdi. Olaryň ýaşaýan kümesinde meniň Injil boýunça geçirýän okuwlaryma gatnap başladylar. Ilki bilen olar eşiden zatlary sebäpli aňk-taňk bolmaklygy başdan geçirdiler. Goja diňleýärdi we gözýaşlaryny süpürmän aglaýardy. Dördünji sapakda men garry aýalyň eňegindäki sakgalyň ýoklugyny we gojanyň hem sakgalyny aýryp başlanyny gördüm. Elbetde, bular bir bildirmeýän zatlar, ýöne bu — Hudaýyň söygüli çagalarydygyna düşünen iki sany adam hakynda köp zady aýdýardy. «Eger-de diňe...» — bir gezek goja sapaklardan soň şeýle diýdi-de, ýene-de dymdy. «Eger-de näme?» — diýip terjimeçi sorady. «Eger men bularyň hemmesini köp ýyl mundan öň, öýde Ýugoslawiýada bilen bolsadym…» Şeýdip hem Ýugoslawiýa gitmek meniň arzuwlarymyň biri boldy. Biziň öz ýanymyz bilen getiren geýimlerimiz we galan ynsanperwerlik kömeklerimiz bir wagt gutarypdy. Biz ýene-de ýygnamaga synanyşmak üçin, Gollandiýa gaýdyp bardyk. Men heniz öýdekäm, ýene täzeden Ýugoslawiýanyň wekilhanasyna wiza almak üçin ýüz tutdum. Maňa ýene-de 3 sany nusgadaky resmi kagyzy berdiler, meniň onlarça edip çykardýan suratlarymy tabşyrmaga mejbur etdiler we bularyň ählisinden soň men ýene-de şol bir sözleri eşitdim: «Siziň resminamalaryňyzyň üstünde işlemek üçin bize birnäçe wagt gerek bolar». Men kagyzlary doldurýan wagtym diňe bir gezek ikirjiňlendim. Kagyzyň ortarasynda men «näme bilen meşgullanýanlygymy» ýazmalydym. Meniň meşgul bolýan zatlarymyň meniň peýdama däldigini men duýýardym. Ýöne bize Glazgodaky mekdepde näme öwredipdiler? Jahana aýlanmagy, hiç zady ýygnamazlygy, hiç zady gizlemezligi. Sebäbi biz hemmeler üçin açyk bolmalydyk. Şol sebäpli hem, men ullakan baş harplar bilen WAGYZÇY diýip ýazdym-da, öz resminamalarymy dikelgäniň üstünde goýup gaýtdym. Biziň awtobusymyz ýorgançalardan we geýimlerden, gury süýtden, kofeden we şokoladdan dolanda, biz ýene-de bosgunlaryň lagerlerine ugradyk. Men Gunbatar Berlindedim, maňa telegramma geldi — öz bagynda işläp ýörkä, kakam ýogalypdyr. Birinji otly bilen men öýe gaýtdym. Gonamçylykda biz ýönekeýje hoşlaşygy geçirdik. Ýeriň ýetmezçilik etmegi sebäpli, Gollandiýada adat bolşy ýaly, ejemiň mazaryny açdylar we onuň guburynyň üstüne kakamyň guburyny goýberdiler. Indi köneje öýümiz hakykatdan hem boşap galdy. Maňa üçekden ýerzemine çenli ýetýän gaty ses şeýle bir ýetmezçilik edýärdi. Maňa eginleri sallanyp duran küýkeren beden, kelemiň we gök otlaryň hatarynda usullyk bilen işleýän kakam, onuň ähli daş-töwerekdäki zatlara bolan söygüsi şeýle bir ýetmezçilik edýärdi. Men Germaniýa gaýdyp bardym we başbütin iş bilen gümra boldum. Bosgunlaryň soňky tolkuny Wengriýadaky gozgalaň sebäpli çagyrylypdy, ýöne Günbatar Germaniýadaky lagerler köp wagtdan bäri bardy we olar barada diňe soňky wakalardan soň agzalypdy. Bu lagerlerde hemmeler tarapyndan ýatdan entek Ikinji jahan urşy döwründen bäri çykarylan öýsüz-öwzarsyz, müňlerçe sany ýurdundan çykarylan watansyz adamlar ýaşaýardylar, öýsüzler — akyldan azaşan faşistleriň miwesi. Bu adamlara seretmek şeýle bir durşy bilen gam–gussalydy, esasan hem çagalara seretmek. Men hiç haçan maşgalasy, derekli öýi bolmadyk on bir, on iki ýaşly ýetginjekleri görüpdim. Ýalňyz maşgalalar, öýlenen maşgalalara garanda maddy ýagdaý boýunça artykmaçlykdan peýdalanýardylar, şol sebäpli nikalar örän seýrek hadysady, çagalaryň köpüsi bolsa, binika doglan çagalardy. Men beýle çagalaryň topary bilen olary Gollandiýa äkitmek üçin köp aýlap işlemeli boldum. Men olary şatlyk bilen garşy alyp biljek köp maşgalalary bilýärdim. Geltýe bilen Martýe hem beýle çagalary alyp bilerdiler, ýöne olar ýene-de we ýene-de lukmançylyk barlagyny geçip bilenokdylar. Bu sowuk we çyg kümelerde inçekesel adaty bir ýagdaýdy. Şwesiýa we Birleşen Ştatlara çagyrylýan sagdyn çagalar baradaky diwarlardaky şygarlar, her bir lagerdäkileriň togsan göterimine çenli kesellileriň üstünden gülýän ýaly bolup görünýärdiler. Men arman-ýadaman bu netijesiz we agyr iş bilen meşgullanýardym. Ynha bir gezek irden, nirede bolsam-da her günüň aýrylmaz bölegi bolup giden dynç alýan wagtymda şeýle geň galdyryjy hadysa bolup geçdi. Hamala diýersiň, bir ýuwaşja ses maňa: «Sen şu gün Ýugoslawiýa wiza alarsyň» — diýen ýaly boldy. Men muňa ynanmadym. Men iş bilen şeýle başagaý bolanym sebäpli, beren arzamy ýadymdan çykaraýypdyryn. Ýöne şonda-da men ertirki poçta garaşyp, äpişgä seredip durşuma, özümi ele aldym. Poçtalýony görüp, men oňa tarap ylgap öňünden çykdym. Ol torbasyny sermenip durka, «Size Gollandiýadan hat geldi!» — diýdi. Men ondan haty aldym. Wittedäki salgynyň üstünden çyzylypdyr we onuň üstüne Berlindäki salgy ýazylypdyr. Bukjanyň ýokarky çep burçunda Ýugoslawiýanyň Gaagadaky ilçinahasynyň möhri durdy. «Sag boluň!» — diýdim-de, duran ýerimde köçäniň ugrunda bukjany açdym we hiç zada düşünmän oňa aňkaryp galdym. Ýugoslawiýanyň hökümetiniň gynanç bilen, maňa wiza bermekden boýun gaçyrandygy barada aýdylýardy. Ynha bar bolany. Başga hiç hili düşündiriş ýokdy. Bu nämäni aňladýardy? Men bu hat barada öňünden duýduryş alypdym ahyryn. Bu duyduryşda maňa wiza beriljekdigi barada aýdylypdy. Men Ýugoslawiýanyň Berlindäki konsullygyna baryp, täzeden arza ýazaýsammykam? Men öz otagyma tarap ylgap gitdim, iki sany suratymy aldym we tramwaý duralgasyna tarap ugradym. Ýene bir sagatdan men üç sany nusgada resmi kagyzlary doldurdym. Ýene-de «meşgullanýan işlerim» setirine ýetdim. Men özümiň ähli kynçylyklarymyň meşgullanýan işlerim sebäpli ýüze çykýandygyna şübhelendim. «Hudaýjan, — diýdim, — men bu ýere näme diýip ýazaýyn?» Meniň birden Beýik tabşyrykdan sözler ýadyma düşdi: «Şeýle, baryň ähli halky okadyň». Diýmek men mugallymdym, şeýle dälmi? Bu sapar men anketada MUGALLYM diýip ýazdym we resminamalarymy gullukça tabşyrdym. «Jenap, eger otursaňyz, men siziň resminamalaryňyzy edil şu wagt barlaryn». Işgär gapynyň arkasynda gizlenip gitdi. Men tolgundyryjy ýigrimi minudyň dowamynda wagtymy geçirdim we maňa telegraf açarynyň işleýän sesini eşidýän ýaly bolup göründi. Ýöne men ýalňyşan bolaýmasam. Sebäbi gullukçy gaýdyp geldi we ýylgyryp maňa ýakymly syýahaty arzuw etdi. Meniň öz şatlygymy biri bilen paýlaşasym geldi. Özümiňkiler bilenmi? Biziň öýümizde telefon ýokdy, goňşulara jaň etmegem birhilidi. Uetstrleremi? Elbetde! Men Uetstrlere jaň edeýin. Men gepleşige buýurma tabşyrdym we maňa jenap Uetstranyň özi jogap berdi. «Bu, Andreý jaň edýär. Sizi öýde tapanym örän oňat boldy». «Men sen Berlindemikäň diýýärdim». «Hawa». «Andreý biziň gynanjymyzy kabul et». «Sag boluň. Ýöne men size hoş habar bilen jaň edýärin, jenap Uetstra. Meniň muny siz bilen paýlaşasym gelýär. Meniň elimde häzir iki sany resminama bar. Biri — Ýugoslawiýanyň Gollandiýadaky wekilhanasyndan maňa wiza bermekden boýun gaçyrylanlygy barada, beýlekisi bolsa — Ýugoslawiýanyň gullukçylary tarapyndan maňa berlen pasportymdaky wiza. Men ony aldym, jenap Uetstra! Men ol ýere wagyzçy hökmünde bararyn!» «Andreý, sen gowusy açaryňy almak üçin Gollandiýa gel». «Bagyşlaň, jenap Uetstra, men sizi gowy eşidemok. Göwnüme bolmasa, açar diýen ýaly bolduňyz». «Dogry. Seniň «Folkswageniň» açaryny. Biz bu barada maslahatlaşdyk we bizi bu pikirimizden hiç kim dönderip bilmez. Birnäçe aý mundan öň biz hanym Uetstra bilen, eger sen wiza alsaň, sen onuň bilen bile biziň awtoulagymyzy hem alarsyň diýip karar etdik. Öýe gel-de, açaryňy al». Men Amsterdama gelenimde, hakykatdan hem olary bu kararlaryndan dändirmeklige synanyşdym. Beýle uly sowgat — men ony nähili edip kabul etmegi bilmedim. «Ýöne siziň işiňiz näme?» — diýip men olardan soradym. «Biziň işimiz? — diýip, jenap Uetstra maňa iňirdedi. — Andreý, sen Patyşa üçin işleýärsiň ahyryn! Ýok, ýok, biz bu barada dileg etdik, ynha bular bolsa awtoulagyň resminamalary». Şeýdip, şol agşam, iň gapma-garşylykly duýgulardan doly ýüregim bilen, men jenap Uetstra bilen resminamalary doldurmaga gitdim we men täzeje diýen ýaly, ajaýyp mawy reňkli «Folkswageniň» eýesi boldum oturyberdim. Ýeke-täk ýakymsyz iş bu Wittä barmakdy. Meniň öýe hiç kime bildirmän gelesim geldi, ýöne bu açyk-mawy reňkli «Folkswagen» bilen mümkin däldi ahyryn! Meniň töweregime şobada, kimiň maşynydygyny bilmek üçin, obanyň ähli adamlary ýygnandylar. Edil meniň pikir edişim ýaly boldy, haçan men bu maşynyň meniňkidigini aýdamymda, bu hiç kime ýaramady. Demirçi ussanyň ogluna maşyn nämesine gerek? «Din — girdejili iş gerek, şeýle dälmi, Andi?» — diýip, obadakylaryň biri gözüni gyrpdy-da hikirdedi. Hemmeler gülüşdiler. Men maşyny maňa Uetstrleriň sowgat edendiklerini gaýtalap — gaýtalap aýtsam-da, men olara munuň ýaramaýandygyny görýärdim: demirçi ussanyň ogluna maşynda gezmek ýaraşmaýar. Wittäniň ýaşaýjylary maňa bosgunlar üçin zat berýärdiler. Indi muny bes etdiler. Meniň obadaşlarym bilen gatnaşyklarym soňra edil öňkiler ýaly bolmady. Ýöne men işlemelidim. Birnäçe günläp men öz syýahatymyň ugruny taýýarladym. Men ýugoslaw dilindäki mesihi edebiýatlaryny gözläp, Amsterdamyň bar ýerine aýlanyp çykdym. Ähli edebiýatlary men maşynyň gizlin ýerlerine ýerleşdirdim. Men bu gezekki saparymy Hudaýyň nähili maliýeleşdirjegi barada oýlanmaýardym. Meniň gitmegim Nowruz (mart) aýynyň ahyrlaryna bellenipdi. Gitmegimiň öň ýany men Karl de Grafyň ýanyna barmakçy boldum. Mende maşynyň peýda bolanyny bilende, onuň ýüzüniň üýtgeýşini görmäge howlugýardym — onuň diňe ynam boýunça göze görünýän şaýadyna. Ýöne jenap de Graf hiç hili geň galmady. «Hawa, — diýdi, — men onuň sende peýda boljakdygyny bilýärdim. Sebäbi, — diýip, ol jübisinden bukjany çykarmaga başlady, — Hudaý bize geljek iki aýda saňa pul gerek boljagyny aýtdy. Ynha, al». Ol meniň elime bukjany gowşurdy. Men hat-da ony açmadym hem. Şol wagta çenli men eýýäm bu geň topar hakynda ýeterlik bilýärdim, şol sebäpli hem men bukjanyň içinde, meniň gitmegim üçin näçe pul gerek bolsa, şonça-da barlygyna ynamym bardy. Minnetdarlykdan doly ýüregim bilen, onuň bilen, Uetstrler, öz maşgalam bilen hoşlaşdym we Ýugoslawiýa — Demir perdäniň aňyrsyna ugradym. Onunjy bap GIJEDÄKI ÇYRALAR Öňümizde Ýugoslawiýanyň serheti ýatyrdy. Ömrümde ilkinji gezek men kommunistik döwlete ýanym bilen gidýän adamsyz, toparsyz aýak basdym. Oňa hökümet hemaýat edipdi. Men özümiň kiçijik «Folkswagenimi» serhetden uzakda bolmadyk Awstriýanyň kiçijik obasynyň çetinde duruzdym we hemme zady ýene bir gezek üns berip gözden geçirdim. 1957-nji ýylda Ýugoslawiýanyň hökümeti ýurda gelýänlere diňe öz hususy zatlarynyň bolmagyna rugsat berýärdi. Hemme täze ýa-da uly möçberdäki zatlar şübhe döredýärdi. Näme üçin diýseň, bütin ýurtda gara bazar bilen göreş alnyp barylýardy. Her hili metbugat neşirleri olaryň näçeligine garamazdan, serhetde elden alynýardy. Sebäbi olar daşary ýurt wagzy hasaplanýardy. Ine-de men maşynyň ýanynda durdym. Hakykatda bolsa, maşynyň içi kitapçalardyr, Injillerden urulyp-dykylan ýalydy. Gümrükhananyň ýanyndan men nähili geçmeli? Ine şu ýerde men ilkinji gezek gaçgak haryt geçirýäniň dilegi bilen Hudaýa ýüzlendim. «Eý Taňry, meniň maşynymda Dini kitaplar bar, olary men seniň daşary ýurtdaky çagalaryňa gowşurmaly. Haçan-da Sen ýerde bolanyňda, Sen kör gözleri açyp, görer ýaly edýärdiň. Indi bolsa Sen görýän gözleri kör et diýip men dileg edýärin». Şeýlelikde, şu dileg bilen ýaraglanyp, men maşynyň motoryny işletdim we serhede tarap ugradym. Gümrükçileriň ikisi meniň maşynymy gören batlaryna, şatlanmak we geň galmak bilen meniň ýanymda peýda boldular. Bu ýoldan näçe adam geçýärkä? — diýp, men oýlandym. Olaryň meniň pasportyma siňe seredişlerine görä, olar meni ilkinji ýoldan geçýän golland hasaplap, olar meni synlaýardy. Olar maňa nemesçe birnäçe zatlary resmi suratda ýerine ýetirmeli, ine şondan soň men ýolumy dowam etdirip biljekdigimi aýtdylar. Ofiserleriň biri meniň çadyr enjamlarym bilen gyzyklandy. Kitapçalar ýatylýan halta dolangydy, çadyrda bolsa edebiýatlar bütin gutulary bilen ýatyrdy. «Taňry, goý bu gözler hiç zat görmesin» «Siziň görkezmäge zadyňyz barmy?» «Hawa, mende pul, sagat, fotoapparat bar». Beýleki gümrükçi maşynyň içine göz gezdirdi. Ol menden çemodany çykarmagymy sorady. Emma ol ýerde-de, goşlarymyň arasynda gizlengi kitapçalar bardy. «Hawa, elbetde, ser» — diýdim. Öňündäki oturgyjy yzyna gaýtaryp, men çemodany daşyna çykardym, ýerde goýdum we onuň gapagyny açdym. Gümrükçi ýokarsynda ýatan köynekleri galdyryp gördi. Edil olaryň aşagynda, indi bolsa, iň görünýän ýerinde ýugoslaw dilde iki, horwat we slowen dillerinde kitapçalar toppalaýyn ýatyrdy. Şu ýagdaýda Allatagala näme eder? Çemodany barlaýana seretmän, «Ýylyň şu döwrüne seretseň, sizde guraklyk», — diýip, beýleki gümrükçä aýtdym. Şeýdip howa barada gürrüň berip başladym. Men oňa öz watanym, bizde deňiz kenarynyň hemişe çygly bolýandygy barada gürrüň berdim. Onsoň, haçan dartgynlygy saklap bilmämsoň, men töweregime seretdim. Birinji ofiser hatda çemodana seretmeýärdi. Ol biziň gürrüňimizi diňleýärdi. Haçan-da men oňa tarap öwrülenimde, ol ukudan oýanan ýaly boldy we meniň ýüzüme seretdi. «Barlamak üçin ýene görkezjek zadyňyz barmy?» «Diňe maýda zat», — diýdim. Kitapçalar dogrudan hem diýseň–diýmeseň maýdady. Gümrükçi: «Munuň bilen güýmenmäli, — diýdi. Ol maňa çemodanymy ýapmak üçin yşarat etdi we elini galdyryp, pasportymy yzyna gaýdyp berdi. Meniň ilkinji duralgam Zagrebde boldy. Mende mesihi ýolbaşçysynyň salgysy bardy. Ony men Jamil atlandyrýaryn. Onuň salgysyny maňa Golland injil jemgyýetinde berdiler. Sebäbi Jamil ozal Injili uly möçberde buýurýardy. Emma 1945-nji ýyla çenli, Tito premýer bolýança, hiç kim ol barada eşitmändi. Men ol ozalky salgyda ýaşaýar diýip umyt edýärdim. Emma mende saýlamaga başga ýoluň bolmanlygy üçin, men oňa örän seresapja hat ýazdym. Onda men Nowruz (mart) aýynyň ahyrynda onuň ýurduna gollandlaryň biriniň geljekdigini ýatlatdym. Indi men ony tapmak umydy bilen Zagrebe geldim. Ýugoslawiýada mesihiler bilen ilkinji duşuşygym wagtynda geçirilen täsirli gürrüňleri bermek üçin, meniň ilkinji hatymyň näme bolandygy barada men düşündiriş bermeli. Men bu taryhyň hemmesini has giç bilip galdym. Ol salgy boýunça dogry gelipdir. Emma Jamil eýýäm başga ýere göçen eken. Täze ýaşaýjy onuň nirede ýaşaýandygyny bilmeýärdi. Şoňa görä-de, men haty poçta yzyna gaýtardym. Jamili tapýançalar ol hat ol ýerde iki hepde ýatypdyr. Meniň Ýugoslawiýanyň serhedini geçen, edil şol günüm, ony ahyry tapyp, bellenen ýere eltipdirler. Jamil ony okap geň galýar. Kim bu ýaşyryn gollandiýaly? Onuň bilen duşuşmak hatarly dälmi? Bir zat etmelidigini duýup, Jamil tramwaýa mündi we özüniň köne salgysyna tarap ugrady. Ol bir zat etmelidigini duýup, özüniň köne ýaşan jaýyna ýetdi we indi näme etmeli diýip, pyýada ýörelýän ýerde durdy. Gollandiýaly geldimi, ol barada bu ýerde soradylarmy? Jamili bir daşary ýurtly gözleýär diýip, şübheli gürrüň bilen täze ýaşaýjynyň ýanyna barsa bolarmyka? Näme etmeli? Edil şol wagt men pyýada ýöreýän ýoluň gyrasyna ýetdim. Men Jamillerden takmynan iki fut aralykda awtomobilden düşdüm. Ol meni elbetde maşyn nomerinden tanandyr. Ol meniň elimden tutdy we biz bir-birimize öz taryhymyz barada gürrüň berdik. Jamil daşary ýurtly mesihini görenine begenip, iki bolup bilmedi. Ol ozal Polşada eşidenlerini gaýtalady. Meniň ýeke gezek «bolmagym» olar üçin köp zatlary duýdurdy. Olar özlerini şeýle ýekelikde, beýlekilerden şeýle üzňe duýýardylar. Elbetde, ýurtda dine ynanýanlaryň beýlekiler bilen aragatnaşyk saklamaga ol maňa kömek eder. Ol meniň bilen terjimeçi bolup işläp biljek adamyny bilýär. Şeýlelik bilen, birnäçe günden soň Nikola atly ýaş talyp, geljekki inžener, meniň ýol görkezjim we terjimeçim hökmünde ýugoslaw mesihilerine «köp salam» ibermek üçin, meniň bilen gökje «folkswagenime» mündük. Demir perdäniň aňyrsyna ilkinji gezek awtomobil bilen ugranymda, men beýle güýje eýe bolýandygymy duýmaýardym, ol barada ozal şübhelenmeýärdim hem. Maňa elli günlük wiza berdiler. Men yzygiderli ýedi hepde wagyz etdim, okatdym, göwün göterdim we dini kitabyň ýazgylaryny töwerege ýaýratdym. Elli günüň dowamynda men segsenden köpräk ýygnak geçirdim. Käwagtlar dynçgüni alty gezekden az çykyş etmeýärdim. Men uly ybadathanalarda, obajyklarda, aýry fermalarda wagyz edýärdim. Men demirgazykda açyk we günortada kommunistleriň täsiri örän güýçli bolansoň, gizlin gürrüň edýärdim. Şeýle seredeniňde Ýugosalwiýada ýygnak asla yzarlanmaýan ýaly pikir etse boljakdy. Her gezek, haçan-da täze sebite gidenimde, men polisiýa bölüminde hasaba alyşdan geçmelidim. Emma men ynanýanlaryň öýlerine hatda açyk barýardym. Ybadathanalar açyk işleýärdiler, birnäçe wagt geçensoň, men «köp salamy» unudan ýaly edip, gizlenmän wagyz edip başladym. Hiç kim garşy çykmaýardy. Esasan, serhet gyrasyndaky takyk welaýatlaryň birnäçesi bolmasa, ýurduň içinde men päsgelsiz ondan-oňa geçip bilýärdim. Hökümet häkimleri meniň hereketimi yzarlamaýardylar. Bu şeýle bir azatlykdy, men oňa bil baglamaýardym. Emma men azda-kände Ýugoslawiýany oňat tanadym we has takygy hökümetiň dine ynanýanlara täsir edişine düşündim. Ýokary synpyň esasy pikiri çagalara gönükdirilendi. Olar garrylara azar bermän, emma ýaşlary ýygnakdan uzagrakda saklajak bolup her zat edýärdiler. Nikola bilen ilki baran ýygnagymyz Zagrebden uzakda bolmadyk obajykda ýerleşen rimleriň katolik ybadathanasydy. Meniň ünsümi çeken zat gelen adamlaryň biri hem ýigrimi ýaşdan kiçi däldi. Men ol barada Nikoladan soradym. Jogabyň deregine ol meni aýal bilen tanyşdyrdy. Onuň on ýaşly ogly bardy. Andreý doganyňa gürrüň ber, näme üçin Iosif ybadathanada ýok, — diýip, Nikola sorady. «Näme üçin meniň Iosifim ybadathanada ýok? — diýip gaýtalap sorady. Onuň sesi gaýgy-hesretden doludy. — Sebäbi men sowatsyz oba aýaly. Mugallyma bolsa, meniň ogluma, Huday ýok diýýär. Olar meniň oglum Iosife: «Belki-de seniň ejeň başgaça pikir edýändir. Emma biz ondan oňat bilýäris, dogry dälmi, eýsem? Biz onuň üstünden güleliň». Indi näme? Oglum Iosif ybadathana meniň bilen ýok. Olar meniň üstümden güldüler». Birnäçe gün geçenden soň, başga bir şäherjikde biz mesihi maşgalasyna bardyk. Men jaýyň ýanynda tozanda oýnap ýoren gyzjagazy gordüm. «Näme üçin ol mekdepde däl?» — diýip, Nikola sorady. Gyzyň ejesi onuň taryhy barada bize gürrüň berdi. Öýde Marta nahardan öň Taňra dileg edip, oňa alkyş etmegi endik edipdi. Haçan-da mekdebiň ertirlik nahar wagty gelende, Marta hemişekileri ýaly hatda hiç bir zady pikir etmän sesine bat berip dileg etdi. Mugallym gazaba mündi. «Kim bizi iýmit bilen üpjün edýär, Taňrymy ýa-da adamlar, hökümetiň bellänlerimi? Marta bu samsyklyk bolýar. Sen beýleki çagalara erbet gorelde bolýarsyň». Emma onuň endigi onda şeýle bir köp urupdyr welin, beýleki gün Marta ýene nahary üçin Taňra minnetdarlygyny bildirdi. Bu gezek ony mekdepden çykardylar. Emma diňe Makedoniýada biz ýygnaga gatnaýan adamlaryň hakyky gorkusyny gördük. Ýugosalwiýanyň iň garyp şu alty ştatyndan diňe şu ştatda kommunistik partiýa aýratyn güýçlidi. Biziň ilkinji ýygnagymyz ýurduň bu böleginde irden sagat ona bellenipdi. Emma haçan-da biz ýygnaga gelenimizde, ol ýerde ýekeje adamyň hem sesi ýokdy. Nikola: «Hiç zada düşünemok, — diýdi. Ol haty çykaryp başlady, ony biz çopandan alypdyk. — Biz dogry salgy boýunça gelenimize men ynanýaryn» — diýdi. Sagat onbirde garaşmagyň indi manysynyň ýokdugyna biz karara geldik. Biz köçä çykdyk, ol ýerde biziň maşynymyz durdy. Haçan-da biz ugramaga taýýar bolup durkak, biziň ýanymyzdan bir oba adamsy geçdi. Ol meniň elimi gysmak üçin aýak çekdi we aňryk gitmäge Hudaýyň bize pata bermegini diledi. Men täzeden maşynyň gapysyny açmakçy boldum. Haçan-da biziň ýanymyza başga bir ýaşaýjy golaýlanda, bu ýagdaý ýene gaýtalandy. Şol säher kyrk bäş minudyň dowamynda bütin oba özlerine gelen daşary ýurtlunyň wagyz edijiniň maşynyna tötänden pete-pet gelýärdiler. Onuň bilen şatlykly salamlaşýardylar we onuň elini gysýardylar. Näme bolup geçýär we oňa nähili düşünmeli, hatda Nikolada düşünip bilmeýärdi. Bir näçe günden soň, Makedoniýanyň beýleki obasynda hem biziň duşuşygymyz geçirilmeli edilipdi. Ýygnagyň öň ýany, bellenen wagtda, sagat sekizde çopan nahar iýmäge çagyrdy. Sekize bäş minut galanda, ýygnaga gitmäge wagt boldy diýip, men aýtdym. Penjirä seredip: «Ýok, entek wagty däl» diýdi. 8.15-de men ýene bir gezek wagt barada ýatlatdym. «Adamlar ýygnanyp, garaşýan bolmaly». «Ýok, entek wagty däl». Men ýene-de ýatlatdym. Jogap bermezden ozal ol penjirä seretdi. Ahyrsoňy 8.30-da çopan penjiräniň ýanyna bardy, tümlüge seredip, başyny atdy. «Indi gitse bolar, görýäňizmi, garaňky düşmän, adamlar ýygnaga gelmezler» — diýdi. Biziň kanuna garşy nämeler bir iş edýänligimizde däl. Ýöne, muny nähili aýtsa boljak, hatyrjem bolmaly bolýar». Ine şonda men sahnany gördüm. Ony bütin Makedoniýada syn etmek bolýardy. Garaňkylykda ýanyp duran çyralar hemme ýerde peýda boldular. Daýhanlar iki bir, üç bir — ondan köp däl — bolup, ýuwaşlyk bilen meýdanyň aralygyndan barýardylar. Olaryň her biri elinde çyralary aşakda saklap, uzap barýardylar. Şoňa görä-de, olaryň ýüzleri kölegede bolup görünmeýärdi. Olar ýygnagyň jaýynyň öňünde ýeňillik bilen tanalarys öýdüp aladalanmaýardylar. Ol ýerde belli bir derejede hemmeler özlerini birmeňzeş howpa salýardylar. Çyralary diwardaky ýöriteleşdirilen gapyrjaklara asdylar we zalda maýyl we ýakymly ýagtylyk aralaşyardy. Ol agşam men Nikodimos barada gürrüň etdim. Ol gijäniň bir wagty Halasgäre sorag bermek üçin Mesihiň ýanyna geldi. Nikodimosyň hem tüm garaňkylykda Taňryny gözlemegi karar edindini aýtdym. Emma bu wajyp däl. Allatagala tarap nähili ädim ätmelidigini wagt we ýer hemişe duýdurar. Ol agşam daşary ýurtly wagyz edijini diňlemek üçin iki ýüzden köpräk adam geldi. Olaryň segsen bäşisi ozalky durmuşlarynda galmazlyk üçin, bu ýagdaýdan peýdalandy. Heniz bu ýoluň garaňkylygyň içi bilen geçýändigine garamazdan, olar halas bolmaklygyň ýoluna gadam basdylar. Makedoniýanyň beýleki obasynda polisiýa bilen biziň çynlakaý duşuşygymyz boldy. Men Nikola mesihiler bilen diňe bir uly şäherlerde däl, eýsem kiçijik obajyklarda ýaşaýanlar bilen hem tanyş bolmak isleýändigimi aýtdym. Nosaki uly bolmadyk ilatly ýerdi. Oňa hiç bir ýagdaýda barmak mümkin däldi. Biz öz ýanymyz bilen ikinji ýol görkezijini aldyk. Ol Makedoniýanyň ýoluny görkezýärdi. Ony Nikola asla tanamaýardy. Bu ajaýyp mesihini hemmeler «daýyjan» diýip atlandyrýardy. Indi daýyjan bize meýdanyň içinden geçýän iki ýodany görkezdi we bu ýoluň Nosaka barýandygyny bizi ynandyrdy. Ýol erbetden-erbet bolup, maşynyň aşagy ýumşak ýere degýänça, ýoda gitdigiçe çuňlaşýardy. Ahyr soňy biz täze sürülen meýdana ýetdik. «Ine-de saňa ýol, daýyjan, ýene uzak näçe ýoremeli? — diýdim. Uzakdan görünýän topbak agaçlary görkezip. «Biz eýýäm geldik!» — diýdi. Biz maşyndan düşdük we pyýadalap meýdanyň içinden geçdik. Nosaki adyny göterýän uly bolmadyk palçykdan gurulan topbak jaýjagazlara pete-pet bolýançak ýoredik. Ol ýerde ybadatnaha bolmalydy, emma biz ybadathanany ýatladýan hiç zady görmedik. Nikola adamlardan soraşdyrdy we anyklandy. Dogrudan hem obada ybadathana bolup, emma onda diňe ýekeje ynanýan bardy. Ol dul aýal Anna bolmaly. Ol öz öýüni ybadathana öwrüpdi, şeýle-de bolsa, oňa hiç kim gatnamaýardy. Biz Annalara ugradyk. Özlerine, ýagny Nosaka wagyzçynyň gelenini bilip, ol geň galdy. «Emma men geň galmaly däl, — ol öz-özüni düzetdi. — Eýsem men kömek barada dileg etmänmidim näme?» Anna öz ybadathanasyny görkezdi. Hususy jaýlarda dini ýygnaklary geçirmek gadagandy. Şoňa görä-de, Anna bir otagy ýöne ýapdy we onda ýazgy asyp goýdy. Onda «Dileg edilýän öý» diýen ýazgy bardy. Haçan-da ol bu ýazgyny asanda, oba partiýa işgärleri geň galdylar, emma hiç kim garşy çykmady. Ahyrsoňy, Anna bu samsyk özygtyýary bilen ýeke özi erjellik edýärdi we hiç kime ýamanlyk edip bilmeýärdi. Emma indi olara wagyz ediji geldi. Bu täzelik bütin oba ýaýrady. Takmynan hiç kim bu ýerde Ýugoslawiýanyň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylaryny hatda hiç wagt görmändi. Daşary ýurtlular barada gürrüň hem etmeli däl. Men bilemok, belkäm, bu ýöne bilesigelijilikdir, emma garaňky düşenden soň, meýdanlar janlandy we ýagtylanyp barýan yşyjyklar Annanyň jaýýna tarap süýşip barýardy. Biz sena öwrenmekden başladyk, soňra bolsa hoş habaryň taryhyny gatnaşýanlara gürrüň berdik. Sebäbi Anna bizi ýaş nesliň hoş habary bilmeýändigine ynandyrdy. Biz ikinji senany aýdýardyk, birden gapy batly kakyldy. Hemmeler aýdym aýtmalaryny bes etdiler. Anna gapyny açdy we gapynyň bosagasynda polisiýa geýimli iki adam peýda boldy. Olar otagyň içine girdiler we ýygnananlaryň ýüzlerini öwrenjek bolup, köp wagtlap durdular. Soňra adamlaryň ýüzlerini oňat görer ýaly, gapdaldaky diwara tarap geçdiler. Soňra el depderçelerini çykaryp, atlaryny ýazyp başladylar. Haçan-da bu zatlar gutarandan soň, olar Nikola we maňa birnäçe sorag berdiler we gelişleri ýaly şeýle-de tiz gitdiler. Şondan soň, eýýäm ýygnagyň keýpi gaçdy, daýhanlaryň birnäçesi derrew öýlerine gaýtdy. Beýlekiler öz ýerlerinde galdylar, emma olarda ozalky ruhybelentlik ýokdy. Haçna-da men toba etmek üçin öňe çykmaga çagyranymda, bir näçe adamynyň meniň çakylygyma seslelendigine men geň galdym. «Eýýäm şu gün Mesihiň yzyndan yöremegiň näme bolýanyny siz gördüňiz, — diýdim. — Siz mesihi bolmak üçin ynamlymy?» Hawa, olar şübhelenmeýärdiler. Şeýlelik bilen, şol agşam kiçijik ýygnak döredi, emma onuň ösmegine mümkinçilik bermediler. Bir ýýldan soň, Nikola maňa hökümet ony ýok etdi, diýip ýazdy. «Daýyjan» bize kömek edeni üçin ýurtdan kowuldy. Indi ol Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýasynda ýaşaýar. Annanyň dileg edilýän jaýyny ýapdylar. Nikolanyň özüni alyp görsek, ony Zagrebe kazyýete çagyrdylar. Ol şol agşamky waka barada düşündiriş bermelidi. Kazy oňa täsir etdi we ony elli dollara deň derejeli möçberinde jerime tölemäge höküm çykardy. Şeýlelik bilen Nikola örän ýeňillik bilen sypdy. Onuň özi diňe talyp bolany üçin has gazaply jezadan halas bolandyryn hasaplaýar. Näme üçin häkimiýet şu kiçijik ýygnagy hut özüniň ýerliksiz aýyplamasy üçin beýlekilere degmän saýlap aldy. Bu Nikola üçin hem, şeýle-de meniň üçin hem düşnükli däldi. Ýugoslawiýanyň ýollary maşynyň ýoremegi üçin diýseň ýaramaz. Eger biz dag kertleriniň ýodalaryna çykmasak, onda gaýly saýyň aralygy bilen dag jülgesinden geçyärdik. Emma meniň kiçijik «folkswagenim» üçun hemme zatdan tozan gorkunçdy, ol edil örtgi ýaly ýatyrdy. Ol hatda berk ýapylgy aýnalardan we gapylardan hem zogdurlyp geçýärdi. Onuň motory näme edýändigini men pikir etmek hem islemeýärdim. Her säher Nikola bilen dynç alýan wagtymyz, biz maşynyň abat bolmagyny diläp, ony öz dilegimize goşýardyk. «Eý Taňry, bu ýere maşynyň bejeriş işlerini geçirmek üçin bizde ne wagt bar, ne-de pul bar. Şoňa görä-de, haýyş edýäris, ony döwülmez ýaly et». 1957-nji ýylda Ýugoslawiýa boýunça biziň gezelenjimiz aýratyn sypata eýedi. Ýollarda durmaly bolýardy. Aýratyn, daşary ýurtly maşynlar ol günler şeýle bir seýrekdi. Haçan-da iki sürüji biri-biriniň ýanyndan geçende, olar hemişe diýen ýaly ýoluň durky barada, howa barada, benziniň bahasy barada we köprüler barada kelam agyz gürrüň etmek üçin durýardylar. Bir gezek biz tozanly, daglykly ýoldan barýardyk. Şonda garşymyzdan gelýän kiçijik ýük maşynjygy biziň gözümize geldi. Ol ýoluň gyrasynda saklandy, biz hem durduk. «Salam, — diýip, sürüji ýüzlendi, — oýlanýaryn, men siziň kimdigiňizi bilýärin. Siz golland wagyzçyst. Şu gün agşam Ternede wagyz etmäge taýýarlyk görýärsiňiz». «Dogry». «A bu ajaýyp maşyn». «Näme üçin ajaýyp maşyn?» «Meniň garaýşyma görä, siz her gün säher onuň üçin dileg edýärsiňiz». Men güldim. Men maşyn barada geçen ýygnakda ýatlandygym ýadyma düşdi. Meniň belligim derrew töwerege ýaýrady. Men: «Hawa, edil şol maşyn» — diýdim. «Ony men görsem bolarmy? Men mehanik» «Örän minnetdar bolaryn». Men öz «folkswagenimi» ýaňyja benzinden doldurdym we serhetden geçelim bäri oňa hiç zat edemok. Mehanik yza çekildi we motoryň üstündäki gapagy açdy. Ol bir zatlara seredip köp wagtlap durdy. Ol: «Andreý dogan, men ýaňyja Hudaýa ynandym, — diýdi. Bu motor oňaýly işläp bilmez. Serediň. Hawa, süzgüjine, karbýuratora (benzini motora akdyrýan gural), otlaýjy gurala serediň. Ýok, bagyşlaň. Bu maşyn ýöräp bilmez». «Nähili bolsa-da, ol bizi bir müň mil alyp geldi. Mehanik diňe başyny ýaýkady. Ol: «Dogan, rugsat berseň, men motoryny arassalaýyn we ýagyny çalşaýyn, — diýdi. — Siziň bu ajaýyp zada erbet seredişiňize meniň haýpym gelýär». Terneden birnäçe mil aralykdaky onuň obasyna mehanigiň yzy bilen biz minnetdarlyk bilen ugradyk. Biz onuň yzy bilen kiçijik howla girdik. Ol ýer doňuz bilen ördekden doludy. Şol agşam biz wagyz edýänçäk, ol maşynyň motoryny sökdi. Ony birkemsiz arassalady. Ýagyny täzeledi we ertesi säher, haçan-da biz ýola rowana bolmakçy bolanymyzda, ol bize ýalpyldap duran täzeje maşyny görkezdi. Hudaý biziň dileglerimize jogap berdi. 1957-nji ýylyň birinji Magtymgyly (maý) aýynda biz Belgrada ugradyk. Ol gün kommunistler üçin keramatly gündi. Şäherdäki myhmanhanalarda ýa-da restoranlarda ýer tapmak mümkin däldi. Eger-de ybadathananyň çopany bolmadyk bolsa, onda biz Nikola bilen maşynyň içinde gijäni geçirip bilyärdik. Biz ybadathanada çykyş edýärdik. Ol bizi öz öýüne çagyrdy. Edil onuň ybadathanasynda bolup geçen waka meniň şu güne çenli gulluk etmegimi kesgitledi. Biz Nikola bilen adamlardan doly zala seredip, kafedrada durduk. Zal urlup dykylan ýalydy. Hatda mana surat görkezýän guralymy goýmaga-da ýer ýokdy. Onuň bilen men hoş habaryň taryhyny surat arkaly görkezýärdim. Wagyz wagtynyň ortasynda kimdir biri tarkylladyp başlady. Bir görsek, hor bolup aýdym aýdylýan ýerde duran adamlar wagzy oňat eşider ýaly gapyny aýyrýan ekenler. Bular meniň gaty söýen şatlyk bilen garaýan oba adamlarym bolman, emma has inçe, oňat geýnüwli şäher ýaşaýjylarydylar. Biziň Nikola bilen çykyşymyzdan soň, toba etmek üçin adamlaryň öňe çykmaklaryny haýyş etdik. Kim öz durmuşyny Isa Mesihe bagş etmek islese, ýa-da ozalky ýaşaýşyny ret etmek isleýän bolsa, onda elini galdyrmagy biz haýyş etdik. Hemmeler zalda elini galdyrdy. Elbetde, adamlar düşünmedi! Bu ädimiň şeýle bir çynlakaýdygyny men ýene bir gezek düşündirdim. Hökümetiň ynanýanlary kowalaýan şertlerinde Isanyň şägirtleri bolmaklygyň nähilidigi hakynda ýene-de jikme-jik gürrüň berdim. Emma bu gezek adamlaryň ýerinden turmaklaryny haýyş etdim. Gatnaşýanlaryň ählisi ýerlerinden turdy. Men geň galdym, ozal men beýle taýýarlygy hiç wagt görmändim. Şeýle hyjuwa haýran galyp, men şägirdi bolmaklyklygyň manysy hakynda, her günki dilegler bilen Mukaddes Kitaby öwrenmeklikden ybarat bolan durmuş hakynda gürrüň berdim. Bu gündelik dileg we Mukaddes Kitapdan iýmitlenmegiň netijesinde Mesihiň ýaňy doglan persentleriniň Onuň goşunynyň hataryna geçip bilýän, ýetişen esgerler bolýandyklary hakynda hem gürrüň berdim. Injili öwrenmegiň meýilnamalary bilen men özara pikir alyşdym. Bize ony Glazgodaky wagyzçylyk mekdebinde beripdiler. Dostlukly keýpikök gatnaşygyň dowamynda men birden adamlaryň meniň gözüme seretmelerini bes edendiklerini gördüm. Olar öz ellerine seredýärdiler. Yzky hatarlara öwrülýärdiler. Diňe meni görmezlik üçin gözlerini nirä bolsa-da, başga bir ýere öwürýärdiler. Hiç bir zada düşünmän, men çopana seretdim. Ol hem nägile ýalydy. Ol Nikolanyň üsti bilen maňa: «Dileg etmeklik, hawa, ony biz günde edip bilýäris» diýdi. «Maňa siziň dileg barada aýdan sözleriňiz ýarady. Andreý dogan, emma Injiliň okalşy bu adamlaryň uly toparynda ýok». Men öz gulagyma ynanman, dikanlap oňa seretdim. Oňa men oba ybadathanalarynda endik edipdim. Emma şunuň ýaly ösen Belgradda? Men oturanlara tarap öwrüldim. «Siziň haýsy biriňizde Injil bar» diýip soradym. Bütin zalda çopany goşanyňda, ýedi adam el galdyrdy. Meniň dilim tutuldy. Men özüm bilen getiren Injillerimi bireýýäm paýlapdym. Okuwa şeýle güýçli ymtylýan adamlara, ol ýeňil bolmadyk durmuşa, şeýle mätäçlik çekýänlere ýolbaşçy bolup, men näme berip bilerin. Olar ony beýleki ýollar bilen barýan millionlarça başga adamlaryň garşysyna saýlap aldylar. Biz çopan bilen bar bolan Injilleri ulanmagyň tertibini işläp düzdük. Biziň tertibimizde Injili toparlaýyş okuwy bilen bilelikde, şahsy okuwçy bilen öwrenmeklik utgaşdyrylýardy. Her bir ybathana agzasy üçin belli sagat kesgitlenýärdi. Edil şol gün men karara geldim. Ol ýyl geçdigiçe berkeýärdi. Şol agşam men Hudaýa söz berdim. Şeýlelikde, ýygy-ýygydan meniň Injili nähili ýygy-ýygydan elime alşym ýaly, ony adamlaryň guran duwarynyň aňyrsynda bolan Onuň çagalaryna äkiderin. Men Injili satyn almak we olary nähili araçäkden geçirmek barada pikir etmeýärdim. Men olary diňe şu yere — Ýugoslawiýa, Çehoslowakiýa we beýleki ýurtlaryň hemmesine, Hudaý nirä gapyny açsa, olaryň arasyndan böküp geçmegi başarsam, men olary şol ýere äkitmelidigimi bilýärdim. On birinji bap ÜÇÜNJI DILEG Ýugoslawiýadan öýe barýarkam, ýolda men öz syýahatyma baha bermäge synanyşýardym. Men bu ýurtda ýedi hepdeden hem köpräk boldum. Men alty müň mile çenli ýoly geçdim, ýüzden hem köpräk ýygnaklary geçirdim we gelejekki işim üçin köp sanly gatnaşyklary ýola goýdum. Ýöne adamlaryň ýüzlenmeleri, ýüzlerçe adamlaryň ýüzlenmeleri has hem wajypdy ahyryn. Hakyky Hudaýyň Patyşalygynda bolan täze mesihiler, erkekler, aýallar we çagalar, şol bir wagtyň özünde Hudaý ýok diýip tassyklaýan hökümetde ýaşaýardylar. Indi olaryň durmuşy nähili bolar? Täze dostlarymy kynçylyklar we pidalar bilen ýekme-ýek goýmak örän agyrdy, ol kynçylyklar barada maňa pikirlenmek hem kyndy. Meniň olara Magtymgyly (maý) aýynyň ýagty säherinde Injili getirip bermek baradaky kararym bolsa, şol wagt Belgraddaky ýagdaýdan hem çylşyrymly ýaly bolup görünýärdi. 1957-nji ýylda kommunistik ýurtlaryň serhetlerinden haýsydyr bir kitaplary geçiräýmek mümkin däldi — dini mazmunly kitaplar barada gürrüň hem etmeli däldi! Men olary nähili geçirerkäm? Ynam boýunça doganlarymyň durmuşyna howp salman, nägip ol ýurduň içinde ýaýradarkam? Olar haýsy ýurda has hem gerek? Haýsy ýurtdan başlamaly? Bu soraglaryň ählisi, tä men Ýewropa boýunça öýüme golaý ýolda mil yzyndan mil geçip barýarkam, meni gurşap aldylar. «Ýök», — diýip men özüme düzediş berdim. Men öýüme baramokdym. Elbetde, Wittä barýardym, ýöne Witte mundan beýläk meniň öýüm däldi, men birden muňa garaşylmadyk ýagdaýda aň ýetirdim. Ynha şonuň üçin hem men örän haýal barýardym, karta bilen deňeşdirmek we ýol ugruna her bir fermer bilen hasyl barada gürrüňleşmek üçin ýygy-ýygydan saklanýardym. Birden men bir zada düşündim, ýagny men Yugoslawiýadan yzyma gaýdalym bäri, özümiň ýene-de sallah jaýymda ýalnyž galmak pursadymy başardygymdan yza çekýärdim. Kakam ýogalandan soň, men onuň saraýyň ýokarsyndaky kiçijik otagyna geçmegi karar etdim. Bu pikirim maňa örän amatly bolup göründi: indi meniň otagyma aýratyn girelge bardy we hiç kimi biynjalyk etmän, arkaýyn gelip hem gidip bilýärdim. Ýöne ahyrky netijede meniň göçmegim ýene-de bir gezek meniň şeýle ýalňyzlygymy görkezdi. Munuň üstesine-de, men özümiň geljekki durmuşymda hem ýalňyzlykda galjagymy bilýärdim. Germaniýada düşlän wagtymyz men Injili açdym, onuň içki tarapynda özümiň dilegime Hudaýyň gahar bilen beren jogabyny ýazan sahypamy açdym. Men kofämi owurtladym we özümiň Ýugoslawiýada bu barada dileg eden gijämi ýatladym. Şol agşam men özümi örän ýalňyz duýýardym. «Hudaýjan, — diýdim, — ýene bir ýyldan meniň otuz ýaşym dolýar. Sen erkek adam üçin kömekçini döretdiň, ýöne näme üçindir men özüm üçin ony tapmadym. Hudaýym, meniň Senden bir zady haýyş edesim gelýär. Şu gün men senden aýaly haýyş edýärin». Injilde men bu adaty däl dilegi belledim: «1957-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 12-si, Nosaki. Men aýal barada dileg etdim». Bu ýazgyny ýazanymdan soň, men jogap üçin ýer goýdum. Bäş gün geçenden soň, men Hudaýdan jogap aldym. Dynç alyp otyrkam, men birden ynamlylyk bilen bir zada düşündim — ýagny, Işaýa pygamberiň kitabynda (54:1) meniň dilegime Hudaýyň jogabynyň barlygyna düşündim. Men hasyrdap, Köne Ähtiň sahypalaryny açdym we şulary okadym: «terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köpdür». Men bu sözleri gaýtalap-gaýtalap okadym we ol sözleri özüm üçin gabat getirmeklige we Hudaýyň emrine şatlanmaga synanyşdym. Mümkin, men özümi taşlanan ýaly bolup duýaryn, ýöne Ol maňa aýal bilen nikada bolanymda doglan çagalarymdan has köp sanly ruhy çagalary berer. Öz haýyşymyň aşagynda men bu jogaby ýazdym. Ýöne häzir, bahar gülleri bilen örtülen meýdana garap, kofe içip durkam, men ruhy çagalaryň — bularyň meniň asla soraýan zadym däldigine düşündim. Özümiň basalaşanlaryndan soň bejermeli bolýan agaç köwüşlije, ýuzleri gyzaran, hakyky, diri, ylgaýan we bökýän çagalarymyň bolmagyny isleýärdim. Ýöne onuň üstesine-de, meniň diri, söýýän aýalymyň we özüm bilen bir jan, bir ten boljak aýalymyň bolmagyny isleýärdim. Indi bolsa men özüme hiç kimiň garaşmaýan öýüne barýardym. Eger men Ondan ýene-de bir gezek haýyş etsem nähili bolarka? Eger men Injili açyp, barmagymy haýsydyr bir goşgusynyň bir ýerine basmalymy, ony Onuň hakyky jogaby hökmünde kabul etsemmikäm? Men hemişe şeýle ýol bilen ugra barýan adamlaryň üstünden gülýärdim. Ýöne bu gün her hili ýagdaýlaryň bolup biläýjek ajaýyp bahar günleriniň biridi, şol sebäpli hem men gözlerimi ýumdum, Injili açdym we sahypasyna barmagymy dürtdüm. Men ýazga seredenimde, kynlyk bilen öz gözlerime ynandym. Meniň barmagym Işaýa pygamberiň kitabyny görkezýärdi (54:1): «terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köpdür». Men öz-özüme, bu goşgyny ýygy-ýygydan okanym sebäpli açylandyr diýdim. Ýöne bu hem kömek etmedi. Men dolulygyna boýun alyp, Injiliň ahyrynda öz soragymy we gaýtalanýan jogaby ýazdym. «Hudaý, Seniň jogabyňy men halamok, ýöne näme-de bolsa hemme zat aýdyň». Meniň öňümde Witte, kiçijik otagyma, özümiň ýalňyzlyk täleýime barmagyň uzak ýoly durdy. Meniň gaýdyp gelmegim, edil meniň öz göz öňüme getirmelerimde suratlandyryşym ýaly boldy. Men Ýugoslawiýa barada gürrüň berip, giçlige çenli myhman jaýda oturdym. Soňra men öz jaýymy görmäge howlugyp, ýokary galdym. Kiçijik otag bir hili çyg ýaly we amatsyz ýaly bolup göründi. Krowadyň üstündäki örtük pilisden dolupdy, stoluň ýüzi ak örtük bilen örtülipdir, diwara ýelmeşdirilen oboýlar bolsa diwardan gopupdylar. Ýöne ahyrsoňy, biziň kenarýaka ýerimiz hemişe çyglydy. Ozal hem bu meni biynjalyk edýärdi. Ýöne häzir näme üçin bu edil betbagtlyk ýaly bolup görünýärkä? Gelejekki bir ýarym aýyň dowamynda men durşum bilen işe özümi beripdim, çykyş edýärdim, makalalar ýazýardym, özümiň Demir perdäniň aňyrsynda gulluk etmegimi nähili dowam etmegime düşünmek üçin dilegler edýärdim. Men Uetstrlere, olaryň kiçijik «Folkswagenleriniň» nähili gahrymançylykly ýoly geçendigini gürrüň bermek üçin baryp gaýtdym. «Kracht Van Omhoog» üçin täze makalalaryň birnäçesini ýazdym. Karl de Grafy we Amersfortdaky dileg ediji topary görmäge gitdim. Umuman aýdanda, men hemme wagt işlidim. Şeýle işli bolamsoň, öz-özüme hemişe özümiň ýalňyzlygymy duýmaryn diýýärdim. Gorkut (iýul) aýynda ahyr soňy men mundan artyk çydamadym. «Hudaý, — bir gün irden saraýyň ýokarsyndaky otagymda ýygnalýan demir krowadyň üstünde oturan ýerimde şeýle diýdim, — men ýene-de Seniň özüm üçin meýilleşdiren sallah durmuşym barada bir sapar dileg edýärin. Hawa, Seniň meniň üçin goýlan çagalaryň barada men bilýärin, ýöne Hudaýjan, şeýle hem Sen ýalnýz adama jaý söz beripdiň ahyryn!» Men derrew Hudaýa bu barada ýatlatmak isläp, 68-nji Mezmury tapdym: «Hudaý ýalňyz adamlary öýe salýar». Hudaýjan, men Saňa saraýyň ýokarsyndaky otagjyk üçin minnetdarlyk bildirýärin. Onuň garaňky, çyg we köne bolany hiç, men Saňa onuň üçin örän minnetdar. Ýöne eziz Hudaýjan, aslyna seredeniňde, bu öý däl. Hakyky öý däl. Öý — bu diri we hakyky aýal we çagalardyr». «Hudaý, Pawlus Seniň üçin tenindäki tiketi dilini aýyrmagyň üçin üç sapar dileg edipdi. Ýöne sen ondan boýun gaçyrdyň. Men eýýäm aýal barada iki sapar dileg etdim. Häzir bolsa üçünji sapar dileg etmekçi. Mümkin, Sen üçünji sapar hem boýun gaçyrarsyň, Hudaý, eger sen boýun gaçyrsaň, men hiç haçan bu meselä gaýdyp barmaryn. Men bu dilegi Injiliň şu ýerinde ýazaryn». Men Injiliň yzky tarapyny açdym we iň soňky ýazgymy goýdum: «Aýal barada men 1957-nji ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň 7-sinde Wittede üçünji sapar dileg etdim». Soňra men Injili ýapdym. «Birnäçe adamlar hakykatdan hem ýalňyzlykda geçmek üçin döredilýärler. Ýöne bu men däl, Hudaý, haýyş edýärin. Men däl». Diňe Ruhnama (sentýabr) aýynda men jogap hökmünde bererim ýaly waka bolup geçdi. Dileg edip durkam, birden meniň öňümde bir ýüz peýda boldy. Uzyn açyk reňkli saçlar. Onuň ýylgyrşy edil günüň şöhlelerini buludyň aňyrsyndan çykaryp bilýän ýylgyryşdy. Onuň gözleriniň reňki hemişe üýtgäp durýardy. Korri. Korri wan Dam. Ol baradaky pikir meniň kelläme birden geldi, şol pursatda meniň pikir edýän zadyma garaşsyz bir ýagdaýda geldi welin, meniň ýüregim munuň Hudaýdygyny we Onuň maňa jogap berýänligini duýup gürsüldäp urup başlady, ol jogap meniň iň mert garaşmalarymdan hem ýokary boldy duruberdi. Ýöne bu nähili görnüşde bolup geçerkä? Biz onuň bilen dostduk we bir toparyň agzalarydyk, ýöne men hiç haçan Korriniň yzyna düşmek barada pikirlenmändim. Ol entek bir çagajykdy ahyryn. Ýetginjek diýseňem boljak. Ýöne bular, dur hany, ondan bäri näçe ýyl geçdikä? Meniň fabrikden çykanyma we Angliýa gidenime dört ýyl boldy, ol bolsa şepagat uýasy hünäri boýunça okamaga gidipdi. Ýöne ol eýýäm ulalandyr. Elbetde ol öz okuwyny tamamlandyr we eýýäm durmuşa hem çykandyr. Mekdep öňlügini çykaran gyzjagaz ýetişen gyza öwrülendir, ol entek durmuşa çykmadyk bolsa, edil şu pursatda birnäçe gujur-gaýratly we oňa guwanýan oglanlaryň arasyndan özüne mynasybyny saýlaýandyr. Ýene bir sagatdan men eýýäm Alkmaradadym we Korriniň ene-atasynyň ýaşaýan köçesinden barýardym. Biz bu ýere ýaşlar ýygnagyndan soň köplenç gelýärdik. Hanym wan Dam bize kofe bilen köke berýärdi, jenap wan Dam bolsa, özüniň agaç şybygyndan çykýan tüssesi bilen petigi doldurardy. Men olaryň öýüne baranymda, näme etjegimi entek bilemokdym. Mümkin oňa olaryň jaýyna serederin. Onuň öňki ýerinde duranyny görmek üçin serederin. Mümkin, gapylaryny kakaryn. «Hanym wan Dam, siz maňa Korriniň salgysyny berip bilersiňizmi?» Birden gapyny Korriniň özi açaýsa? «Salam, Korri, sen eýýäm durmuşa çykdyňmy? Eger çykmadyk bolsaň, onda maňa durmuşa çyk». Men näme etjegimi bilmän, şeýdibem olaryň öýüniň golaýyna bardym. Ol öýde hiç kimiň ýaşmaýanyny derrew gördüm. Äpişgelerine tagtalar çüýlengidi, baglary bolsa haşal otlardan doludy. Men bokurdagymdaky düwüni ýuwutdym we fabrige tarap ugradym. Ýok, jenap Ringers wan Damlaryň nirä göçenini bolenok. Korri? Ol Harlemdäki mukaddes Ýelizawetanyň hassahanasynda amaly işlerini geçipdir. Mümkin ol heniz hem şol ýerde işleýändir, ýöne ol o barada hiç zat bilenokdy. Ýok. Eger ol durmuşa çykan hem bolsa, ol bu barada eşitmändir. Meniň soraglaryma jogap berende, onuň gözleri uçganaklaýardy. «Andi, bu ýaş hanyma kim öýlense-de, ol örän bagtly adam bolar!» Harlemde şunça gyssagly işleriň çykany ýöne haýran galdyrýardy. Injil dükanlaryna aýlanyp çykmalydy, meniň bagyşlanyp bolmajak görnüşde hasap etmedik ybadathanalarymyň çakylyklaryna jogap bermelidi, tanyşlarymyňka barmalydy — beýle ajaýyp şäherde! Ýangyç guýulýan stansiýadan men göni mukaddes Ýelizawetanyň hassahanasyna jaň etdim we hasaba alyjy Korri hakynda maglumatlary gözlände, meniň demim tutuldy. «Hawa, — diýip jogap berdi, — ol iň soňky ýyl okaýar. Hanym wan Dam, — meniň ýeňillik bilen dem almagym, ony bir sekuntlap saklanmaga mejbur etdi, — şu ýyl hanym wan Dam hassahananyň umumy ýaşaýyş jaýynda däl-de, hususy jaýda ýaşaýar». Ol maňa salgyny ýazyp berdi we Korriniň jaýynyň, şäheriň ajaýyp etrabyndaky hususy jaýyň ýokarky gatynda ýerleşýändigini aýtdy: hasaba alyjynyň düşündirişine görä, Korri üçin jaý beren baý we garry aýal, ol jaýy onuň şepagatçylyk hyzmatlaryna çalşypdyr. Birazrak gözlänimden soň, men ol köçäni tapdym we Korriniň üçegiň edil aşagyndaky äpişgelerini tapdym. Jaý edil bir kiçijik galany göz öňüne getirýärdi: Korriniň otagynda eýwan bardy, onuň ýokarsynda kiçijik ýitiburçly minara ýokary galyp gidýärdi. Men maşynymy gyrada sakladym we arzuw edip başladym. Ol minaradaky şa gyzydy, men bolsa — lybasly gerçekdim. Ol Žulýetdady we ol eýwana çykanda, men öňe tarap ýörärin. Ýöne ol eýwana-da, köçä-de çykmady. Gün geçdi. Garaňky düşdi, ýöne Korriniň otaglarynda yşyk ýakylmady. Romantiki meýillerimi kellämden çykaryp, men gapynyň ýanyna bardym we kakdym. Gullukçy aýal daş çykdy. Hanym wan Dammy? Hawa, ol şu ýerde ýaşaýardy. Ýöne şu wagt ol öz maşgalasy bilen Alkmarada ýaşaýar. «Alkmarada?» — men özümiň ähli hyýallarymy ýadymdan çykardym. «Ýöne olaryň Alkmaradaky öýlerinde hiç kim ýaşanok ahyryn! Äpişgelerine tagta çüýlendi, baglary idegsiz...» Meniň tolgunýan sesime üns berip, gullukçy aýalyň yzynda çal saçly aýal peýda boldy. Ol maňa Korriniň kakasynyň agyr keselländigini we onuň hem kakasyna ideg etmek üçin ol ýere gidenini ýuwaşlyk bilen aýtdy. Maşgalasynyň bolsa, basgançakdan ýokary çykmazlyk üçin, öňki öýlerinden başga jaýa göçenlerini aýtdy. Ol maňa olaryň salgysyny berdi. Soňky birnäçe günüň dowamynda men Harlemde bellenen işleri ýerine ýetirmek bilen, azap baryny çekdim. Men ozal jenap wan Dam bilen birnäçe minudyň dowamynda gürrüňleşmäge wagt tapanyma örän şatlanýardym. Näsagy soramaga geldim bahanasy bilen barmak adaty bir hadysady ahyryn. Şeýlelik bilen, men birnäçe günden wan Damlaryň Alkmaradaky jaýlarynyň öňünde durdum we gapyny kakýardym. Maňa gapyny Korriniň özi açdy. Onuň arkasyndaky ýagtylyk onuň aksowult saclaryny altynsow edip görkezýärdi. «Men seniň kakaňy soramaga geldim» — diýip, utanjaňlyk bilen aýtdym. Meniň aýdanyma üç ýaşly çaga hem ynanmazdy. Ýöne Korri meni dabaraly görnüşde kakasynyň ýanyna alyp bardy. Jenap wan Dam hakykatdan hem örän agyr keseldi, bu görnüp durdy. Ýöne ol özüni görmäge gelenlere şatlanýardy. Şol sebäpli men onuň ýanynda bir sagada golaý oturdym, oňa Demir perdäniň aňyrsyna syýahatlarym barada, geljek baradaky umytlarym barada gürrüň berdim, a Korri bolsa elinde çüýşejikler we mejme bilen bir girýärdi, bir çykýardy, men ony gözlerim bilen ugratmazlyga çalyşýardym. Ol ak lukman ýektaýlydy, ol meniň arzuwlarymdan hem elýetmez bir üýtgeşik bolup görünýärdi. Şeýdibem meniň geň, tutup bolmajak idegim başlandy. Men her hepdede iki gezek jenap wan Damy soramaga gelýärdim we men Korri bilen gapynyň ýanynda ýuwaş ses bilen gürleşýärdim. Men näsagyň öýüne ýygy-ýygydan gelmegiň gelşiksizdigini duýýardym. Men Korrä söz aýtjagym barada näçe sapar göz öňüme getirýärdim we bu hemişe seýle bir elhenç bolup görünýärdi welin, bu zatlaryň bimany bir zat boljagyny bilýärdim. «Haýyş edýän, maňa durmuşa çyk. Wagtyň köp bölegini men öýde bolmaryn we men saňa hat ýazaryň ýaly salgymy berip bilmerin, sen men barada habar alýançaň, birnäçe aýlar geçer, biz bir işe gulluk etsek hem, men saňa özümiň işleýän yerlerim we adamlarym barada hiç zat aýdyp bilmerin. Eger men bir sapar yzyma gaýdyp gelmesem, mümkin sen maňa näme bolanyny hiç wagt hem bilmersiň. Onuň üstüne durnukly girdejileriň bolmajagyny we saraýyň ýokarsyndaky otagy hem goş. Ýok, Korri, beýle durmuşa razy bolardan ol örän akylly we owadan ahyryn». Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 20-sine maňa Wengriýanyň konsullugyndan hat geldi. Wengriýadaky gozgalaňdan bir hepde soň beren arzamyň jogabynda maňa wiza alyp biljegim barada habar berýärdiler. Birden men Korrä maňa aýal bolmagyna nähili edip söz aýtjagyma düşündim. Men oňa şu günüň özünde, edil şu wagt söz aýdaryn, ýöne Wengriýadan gaýdyp gelýänçäm jogap berdirmerin. Şeýlelik bilen, eger ol meniň aýdan sözüm barada pikirlenen ýagdaýynda, onda edil toýdan soň çaknyşjak zatlaryny amaly durmuşda synanyşyp görmäge mümkinçilik dörär — aýralyk bilen, syrlar bilen we kesgitsizlik bilen. Özüň gör, Andi, diýdim, bularyň hemmesi bidereklik. Indi mende meýilnama bolanda, meniň ýuregim umytlardan doldy. Men maşynyma böküp mündüm we Alkmara çenli aralygy örän gysga möhletde geçdim. Men näsag adamyň ýatanyny ýadymdan çykaryp, gapyny şeýle bir kakypdyryn. Maňa köp wagtlap gapyny açmadylar, men ýene bir sapar kakmakçy bolanymda, birden Korri peýda boldy. Onuň ýüzündäki garaýyşdan men bar zada düşündim. «Kakaňmy?» Ol kellesini ýaýkady. «Yarym sagat boldy». Oňa gürlemek kyn düşyärdi. «Häzir ol ýerde lukmanlar bar». Şeýdip, men öz aýdyp bilmedik sözüm bilen yzyma — Wittä gaýdyp bardym. Kakasynyň jaýlanan gününden başga men Korrini üç hepdeläp görmedim. Şonça wagtymy men Gollandiýada gaty bir kän bolmadyk Wengriýa Injillerini almaga sarp etdim. Men olary wenger dilindäki kitapçalar bilen bilelikde maşynyma ýükledim. Ahyrsoňy, bir gezek aýly agşamda men Korrini gezelenje çagyrdym. Tä maşynyň çyralary sag tarapa äkidýän inçejik ýoly görkezýänçäler, biz giň gaçy boýunça barýardyk. Men şol tarapa öwrüldim we maşyny sakladym. Aýyň suraty ýapda biziň aýaklarymyzyň aşagynda görünýärdi. Görnüş şeýle ajaýypdy. Ýöne men hemme zady nädogry aýtdym. «Korri, — diýip başladym, — men seniň özüme durmuşa çykmagyňy isleýärin, ýöne tä men saňa nähili agyr boljakdygyny düşündirýänçäm «ýok» diýme. Biziň ikimize hem agyr bolar». Soňra men özümiň ynanýan Hudaýym meni çagyrmasy boýunça ynanan işi barada gürrüň berdim. Men geljekki aýda, eger onuň bu ädime aýagyny basmagy karar eden halatynda, oňa garaşýan amaly durmuşyň boljakdygy barada aýtdym. «Sen muňa razy bolsaň, bu akmaklyk bolar, Korri, — diýip, men gamly sesim bilen tamamladym, — ýöne seniň meniň aýalym bolmagyňy örän isleýärin!» Men gürrüňimi tamamlanymda, Korriniň ullakan gözleri öňküsindenem ulaldy. Ol bir zat aýtjak bolup agzyny açjak bolandan, men onuň agzyna elimi goýdum. Men ony öýleriniň ýanyna düşürenimde, ol maňa Wengriýadan gelenimden soň jogabyny aýtjakdygyna söz berdi. Bu saparky Ýewropa syýahatym öňkülerden gaty tapawutlanýardy! Men aýralyk Korrä köp zat görkezermikä diýip oýlanýardym, ýöne men bu saparky gitmegimden köp zatlary öwrenerin diýip oýuma-da getiremokdym. Ozal meniň tekerlerimiň aşagynda çalt geçýän millerim, indi hamala diýersiň, yzy üzülmän uzalyp ýatan we meni Korriden has uzaga äkidýän ýaly bolup görünýärdi. Serhetden geçmek adatdakylardan kyn boldy. Näme üçin Wengriýadan beýle gorkýarkam? Ýa Alkmara gaýdyp barmakdan gorkýardymmy, ýa-da bosgunlaryň lageri hakynda eşiden gorkunç zatlarymmy, düşünemokdym. Ýöne Hudaý ýene-de bir sapar «görýän gözleri kör etdi» we men ahyr Wengriýanyň oba ýerine gelip düşdüm. Meniň barýan ýolum, Dunaýy etekläp barýardy. Ol edil aýdymda aýdylyşy ýaly, hakykatdan hem ajaýypdy, ýöne onuň reňki mawynyň deregine, süýt-mele reňkdedi. Men açlygymy duýdum we derýanyň boýunda naharlanmakçy boldum. Ýoldan gyra çykdym, men edil suwuň gyrasynda saklandym we naharlanmak üçin ähli zatlarymy çykardym. Özümiň ýolda ulanýan plitamy çykarmak üçin, men serhetde görülmedik kitapçaly birnäçe gapyrjagy çykarmaly boldum. Ýaňy bir nohutly we käşirli gutyny açanymdan, motoryň arlaýan sesi geldi. Men kellämi galdyrdym. Edil men tarapa suw boýunça ýokary tizlikde, tolkunlary ýokary galdyryp gämi okdurylyp gelýärdi. Onuň öňünde eli awtomatly esger durdy. Iň soňky sekuntda gämi öwrüldi we usullyk bilen edil suwuň gyrasynda saklandy. Indi men gaýykda ýene-de iki sany esgeriň oturanyny gördüm. Öňde duran adam kenara düşdi, onuň yzyndan bolsa, ikinjisi hem düşdi. Men ýuwaşlyk bilen: «Eý Hudaý, — diýdim, — maňa gorkyny ýeňip geçmäge kömek ber». Birinji esger maňa tarap awtomatyny çenäp durdy, beýlekisi bolsa maşyna tarap ylgap gitdi. Men käşirli nohudy gyzdyrmagymy dowam etdirýärdim we maşynyň gapysynyň ýapylan sesini eşitdim. Men golland dilinde gürläp başladym, gürlesemem gürleýärdim welin, men olaryň özüme düşünmeýänlerini örän gowy bilýärdim. Naharymy bulap duran ýerimden: «Hawa, jenaplar, — diýdim, — sizi beýle ajaýyp günde görmek maňa ýaraýar». Esger maňa doňdurylan ýaly bolup aňkaryp durdy. «Görşüňiz ýaly, — diýip dowam etdirdim, — men naharlanmakçy bolýaryn». Arkamda maşynyň beýleki gapysynyň açylanyny eşitdim. Men naharlanar ýaly gaplary salan gapyrjagyma elimi uzatdym we ýene iki sany okara çykardym. «Meniň bilen naharlanmak isleýärsiňizmi?» — men kellämi galdyrdym we ellerim bilen naharlanmaga çagyrýandygymy düşündirdim. Esger kellesini ýaýkady, onuň bilen satyn alyp bilmersiň diýýän ýalydy. «Hiç bolmanda, bir okara käşirli nohut bilen diýmesene», — diýip men öz içimden pikirlendim. Ikinji esgeriň golaýda sermenip ýöreni eşidilýärdi. Islendik pursatda menden bu gapyrjaklarda nämeleriň bardygyny sorap bilerler ahyryn. «Görüň-dä, — diýip men gaty ses bilen aýtdym, — eger siz garşy bolmasaňyz, men-ä nahar sowamanka naharlanmaga başlajak». Men naharymy çemçäm bilen bulap, pikire batdym. Nahardan öň dileg etsem bolarmyka? Maňa lagerde Wengriýada mesihilere aýratyn şübhe bilen seredýänlerini aýdypdylar, sebäbi olar gozgalaňda ýolbaşçylyk ediji roly oýnapdylar. Ýok, beýtsem bu adamlara Mesih hakynda şaýatlyk etmäge mümkinçiligim bolar ahyryn. Adatdakydan üýtgeşiklikde men kellämi egdim, ellerimi birikdirdim we Hudaýa edil häzir iýjek naharym üçin uzyn we ýürekden minnetdarlygymy aýtdym. Edli şu ýerde hem geň galdyryjy hadysa bolup geçdi. Men dileg edýänçäm, meniň maşynymy döküşdirýän esgerler seslerini çykarmadylar. Ýöne men edil tamamladym welin, maňa tarap ýakynlap gelýänlerini eşitdim. Men çarşagymy aldym we agzyma nahar saldym. Birnäçe sekundyň dowamynda esgerleriň ikisi hem meniň öňümde nätjeklerini bilmän doňup durdular. Olar birden yzlaryna öwrüldiler we yzlaryna seretmän, öz gämilerine tarap ylgap gitdiler. Motoryny ýakdylar we suwuň ýüzünde towlanyp, köpürjik peýda boldy. Budapeşt — meniň bolan ajaýyp şäherlerimiň biridi; Dunaý derýasynyň kenarlarynyň iki tarapynda ýelreşýän iki gadymy şäher Buda we Peştdi. Ýöne gozgalaňyň yzlary hemme ýerde bardy: jaýlaryň diwarlarynda oklaryň yzlary bardy, agaçlaryň depeleri ýokdy, tramwaýlaryň ýollary zaýalanandy. Maňa professor B-niň salgysyny berdiler, ol Budapeştiň belli uniwersitetleriniň birinde ýokary wezipäni eýeleýärdi. Men ondan özüme terjimeçi bolmagyny haýyş edenimde, onuň razylygynyň näme aňladýandygyna düşünemokdym. «Elbetde, dogan, — diýdi, — biz bile işläris». Bu karar meniň dostum üçin işini ýitirmeklige barabar boldy. Injilleri görüp, professor begenjinden ýaňa tas özüni ýitiripdi. Ol kitaplary bu ýerde satyn almagyň mümkin däldigini aýtdy, ýöne onlarça ybadathanalaryň açykdygy we hereket edýändikleri barada gürrüň berdi. Birazrak töwekgillik ederin diýäýmesem, özümiň arkaýyn ybadat edip, kitaplary ýaýradyp biljekdigimi aýtdy. «Töwekgellik edýärin?» — diýip ýaňadan soradym. «Hawa, görýärsiňizmi, gozgalaň ýaňy-ýakynda bolup geçdi. Hökümet her bir gatnaşyk wagtynda ybadathanada dildüwşik taýýarlanýar diýip hasap edýär». Ol çopanlaryň has köp ejir çekendikleri barada aýtdy. Budapeştdäki çopanlaryň köp bölegi düzgüne garşydylar, olaryň üçden bir bölegi türmelerde oturypdylar, käbirleri alty ýyla çenli oturypdylar. Her wagyzçy öz işleri üçin rugsatnamany her iki aýdan uzaltmalydylar we beýle talap olary hemişelik biynjalyk ýagdaýa salýardy. Professor B. meni öz dostunyň ýanyna, reformatorlaryň ybadathanasynyň çopanynyň ýanyna alyp bardy, ol bize gapyny seresaplyk bilen açdy, bizi goýbermekden öňürti, daş-töweregine seredişdirdi. Onuň öýüniň bar ýeri abažurlardan doludy! Käbirleri taýýardy, başgalary bolsa taýýarlanyş ýagdaýyndadylar. Olaryň ýüzünde Budapeştiň köçeleriniň suratlary tagaşyksyz görnüşde çekilipdi. Men bu adamyň ýaňy-ýakynda wezipesinden boşadylany barada bildim, onuň sebäbini hiç kim oňa düşündirmändir. Indi oňa Hudaýa gulluk edilýän wagty kafedranyň duran ýerindäki beýiklikde oturmaga rugsat edenokdylar. Onuň ol ýere barmagy sebäpli, beýleki adamlara zyýan ýetirerin diýen gorkudan ýaňa ol aýaly bilen ybadathana gitmegini goýupdy. Ýaşamaga gazanç etmek üçin, ol abažurlaryň ýüzüne surat çekýärdi. Maşgalasyny eklemek üçin, ol ertirden agşama çenli işlemeli bolýardy. Biz gaýdanymyzdan soň, men professor B-den bu çopanyň durmuşynyň nähili derejede ähli ynanýan üçin hem şeýle bolýandygy barada soradym. Ol: «Ylalaşyga gelmeýän ybadathanalar üçin şeýledir, — diýdi, — ýöne köpler öz ugurlaryna gidýärdiler. Olar diňe bir syýasy meselelerde däl-de, eýsem diniň esaslaryna degişli ýagdaýlarda hem “ýagdaýa dogrulanýarlar”, şonuň üçin hem olar düzgüniň hakyky abzaly bolýarlar». Men professor B-den şeýle ybadathana äkitmegini haýyş etdim we ol şeýle ybadathanyň biriniň çopanynyň mekdep şüweleňini geçirýänligini habar berdi. Hawa, men bu çopanyň ylalaşyk ýagdaýyny eýeleýänligine göz ýetirdim. Birnäçe minutdan soň, ol gürleşmek üçin biziň ýanymyza geldi. «Şu toparyň üçden bir bölegi, — diýip, ol mekdebiň howlusynda duran ýaşlaryň hataryny görkezdi, — biziň ybadathanamyza degişli». Her bir ýetginjegiň boýnunda açyk-gyzyl reňkli galstuk bardy, ol galstuklar onuň düşündirişine görä, hoşniýetli raýatyň nyşanydy. Galstugy dakmagyň şertleriniň biri, öz ene-atalarynyň dini ynanmalaryna «degişli gatnaşygyň» bolmagydy. «Siz haýsy ynanmalary göz öňünde tutýarsyňyz?» — diýip soradym. «Oho, ajaýyp. Ýaradylyşyň taryhy. Ikinji günä. Günä batan adam. Şeýle zatlar». «Isanyň Hudaýdygyna ynanýarsyňyzmy?» «Hawa, bu bziň ynanmalarymyzyň sanawynda birinji orunda dur». «Siziň özüňiz bu barada nähili pikirdesiňiz?» Ruhany aşak seretdi. «Men näme edip bilerin?» — diýip, eginlerini gysdy. Çagalaryň özleriniň baýramyndan lezzet alýandyklary açyk görünýärdi. Birden men ýene-de gorkuzyjy el çarpyşyklaryny eşitdim, men ol çapaklary Polşada we Çehoslowakiýada eşidipdim. Edil ozalky ýaly, olar birden el çarpyp başladylar, emma eýýäm ýigrimi sekunt geçenden soň, bu urgular belli bir takaty aldylar. Ol sesler ýeke-täk bir sese öwrüldi, hamala diýersiň çekiç bilen haýsydyr bir ýekedabana urulýan ýaly bolup görünýärdi. Bum. Bum. Bum. Ýeke-täk ses, hemmeler edil bir adam ýaly urýardylar. Mekdebiň müdiri hiç el çarpmalary saklamady, bu sese men tas däliräpdim. Men çopanyň hem edil meniň ýaly azap çekýänini gördüm. Men onuň çalaja titreýän ellerini galdyryp, hamala gulaklaryny ýapasynyň gelýänini gördüm, ýöne ol oňa het edip bilmedi. Mekdep şowhuny tamamlanandan soň, çopan bizi ybadathanany görkezmek üçin alyp gitdi. Ol kämilleşdirilen ýyladyjy ulgamy we täze äpişgeler, ybadathananyň arka ýüzündäki täze oýun meýdançasy barada gürrüň berdi hem-de birden maňa ýüzlendi: «Andreý dogan, men näme etmeli?» Men oňa edil şobada jogap bermedim. Men onuň ýagdaýynda däl ahyryn, şol sebäpli men oňa näme masalahat berip bilerin ahyryn. «Gýüçli bol» diýäýmek aňsat. Ýöne ol adam özüniň ygtyýarnamasynyň, şonuň bilen birlikde onuň maşgalasynyň üpjünçiliginiň hem hökümetiň näzlerine baglydygyny bilýärdi. Men maslahat berip bilmedim, emma Polşadaky, Çehoslowakiýadaky, Ýugoslawiýadaky mesihileriň durmuşy barada gürrüň berdim, olar howpuň ýüzüne seredýärdiler, ýöne Mesihiň gutarnyksyz söýgüsini wagyz etmekden ýadamaýardylar. Ýürekdäki bu söýgi bilen, ynamyň galan hakykatyna adamlaryň özleri düşünip bilýän ýaly diýip oýlanýardym. Professor B. maňa Wengriýada çäklendirmelerden aýlanyp geçip bilýän ybadathanalaryň barlygyny aýtdy. Has gyzykly mysallaryň biri, jaýlanylýan wagty we nika wagtyndaky wagyzçylykdy. Bir gezek irden professor B. meni wengriýalylaryň toýuna çagyrdy. «Siz entek beýle zady gören dälsiňiz, — diýip ol ynandyrdy. — Indi bolsa üns berip diňläň, sebäbi men sizden bir geň zady haýyş etjek. Size çykyş etmäge mümkinçilik bererler, şonuň üçin hem siz basymjak ýaşlary gutlamaly bolarsyňyz, soňra bolsa, siz bar ukybyňyz bilen iň beýik we iň gyzgyn halas ediş wagzyňyzy okamaly bolarsyňyz». Men ýylgyrdym. Professor B: «Gülmäň, — diýdi. — Şu gün biz edil şeýle wagyz edýäris. Adamlar ybadathana gelmäge gorkýarlar we şol sebäpli hem olar haçan toý ýa-da ölüsini jaýlamaly bolanda gelýärler. Şol sebäpli hem biz ýagdaýdan peýdalanýarys we halas bolmagy wagzýyz edýäris! Geçen hepdede bir hökümet işgäri maňa şeýle diýdi: «Men siziň dostlaryňyzyň ýygy-ýygydan ölmegini dileýäniňize, olar jaýlanylýan wagtlary wagyz edip biler ýaly, dileg edýäniňize ynanýaryn». Şeýlelik bilen men toýda wagyz etdim, soňra bolsa, professor B. bilen ýene-de ozal meniň ýüze çykaran usulym barada paýlaşdym: Gollandiýadan iberilen «salamlary bermek» bolýarmy? Oňa meniň teklibim ýarady we ol şobada ondan peýdalanasy geldi. Şol sebäpli telefonyň ýanynda oturdy-da, jaň edip başlady. Edil şol agşam biz şäheriň iň uly ybadathanalarynyň birinde oýanyş gizlin ýygnagyny gurnadyk. Ertesi gün biz ýene bir ýygnak geçirdik, ýöne bu gezek başga ybadathanada geçirdik. Soň yzly-yzyna her gün agşamlaryna. Ýygnak tamamlanýança, biz indiki duşuşugyň nirede boljakdygyny hiç haçan yglan etmeýärdik. Emma hatda bu ýagdaýda hem adamlar ybadathananyň gyrasyndaky ýan ýodada gelen gollandiýalynyň çykyşynyň başlanmagyna garaşyp durýardylar. Bu zatlaryň ählisi bize berilýän ünsi has artdyrdy we biz basym başga täze bir zady oýlap tapdyk: biz ertir ýygnagyň boljakdygyny yglan edýärdik, ýöne nirede boljakdygyny aýtmaýardyk. Ertesi adamlar biri-birine jaň edýärdiler we duşuşygyň nirede bellenenini aýdýardylar. Biz kafedranyň ýanyndaky beýiklikde oturyp ýygnagyň başlanmagyna garaşýarkak, men çopanlaryň ýygnananlaryň ýüzlerine garaýandyklaryny görýärdim. «Olar gizlin polisiýany gözleýärler, — diýip, professor B. düşündirdi, — biz olaryň köpüsini ýüzlerinden tanaýarys. Gozgalaňdan soň, islendik sebäpler bilen halk köpçüligini ýygnamak howply boldy». Nerwli ýagdaý we aladalanmak ýokançly bolýarlar, şol sebäpli hem wagyz etmeklik maksady bilen guran ýygnagymyzyň ortalaryna meniň hem düýşüme polisiýa bilen ýakymsyz zatlar girip başlady. Men muňa professoryň ýüzünden düşündim. «Olar geldiler», — diýip ol pyşyrdady, men ondan «olar» kim diýip soramalydym. Ol maňa onuň yzyndan beýleki otaga geçmegimi üm bilen düşündirdi. Ol ýerde bize iki sany adam adaty eşikde garaşyp durdylar. Olar maňa bir topar sorag berdiler, ertesi irden bolsa, professor bilen müdirlige gelmegi buýurdylar. «Iň soňky gezek iki sany adamy tutupdylar, — diýip, olar gidenden soň professor aýytdy. — Olar köp wagtlap türmede oturdylar». Hudaýa gulluk etmek gutarandan soň, näme etmelidigini çözmek üçin ähli çopanlar ýygnandylar. Professor öz öýüne baryp, dileg etmegi teklip etdi. Şeýdip men birinji gezek professoryň öýüne bardym. Men professoryň Gündogar Ýewropanyň jemgyýetinde nähili görnükli orny eýeleýändigi barada ýadymdan çykarypdym. Onuň öýi ägirtdi we baýdy. Ol şeýle ýagdaýy bilen töwekgellik edýärdi! Professor meni öz ogly Ýanoş bilen tanyşdyrdy, ol şobada meniň göwnüme ýarady. Ol arada öýlenipdir we ösüp barýan ýaş aklawçydy. Ol hem mesihileriň ýarym gizlin ýygnagyna gatnaşyp, öz ýagdaýyna töwekgellik edýärdi. Şol agşam biz ýedi sany adamdyk, ybadathananyň dörän pursatynda ýygnanan ähli mesihiler ýaly, ýedi sany mesihidik — töwkgellik edip, Hudaýyň Özüniň ajaýyp goşulmagynyň üsti bilen, hökümet bilen çaknyşykdan gaça durmak üçin gizlinlikde bile dileg etdik. Biziň ählimiz professoryň myhman otagynda, kiçijik kofe içilýän stoluň töwereginde dyzymyzyň üstünde durup dileg etdik. Biz bir sagadyň dowamynda açyk ýürek bilen towakga etdik, Hudaýa biziň betbagtçylygymyza kömek etmegi üçin dileg etdik. Birden biz dileg etmegimizi togtatdyk. Biziň her birimiz edil şol bir wagtda, Hudaýyň bizi eşidenini duýduk we biziň dilegimize jogap berlenini hem duýduk. Biz dyzymyzyň üstüne turduk-da, biri-birimiziň ýüzümize garap durduk. Men sagada seretdim. Gije sagat 11.35-di. Şol wagt biz takyk ertir ähli zatlarymyzyň oňat boljakdygyny bilýärdik. Ertesi irden edil sagat dokuzda biz professor bilen polisiýa müdirligine bardyk. Biz garaşyp durkak, professor müdirligiň ählisini oňat tanaýanlygyny aýtdy. Müdirligiň başlygy ybdathanany yzarlamakda örän teşnedi. Onuň orunbasary birazrak sabyrly adamdy. Ol: «Başlygyň ýanyna gelmegiňiz size buýruldy, — diýip, agzyny eli bilen tutup aýtdy. — Bu erbet». Onuň ýary, soňra on boldy. Ynha, indi hem sagat on bir. Biziň ikimiz hem eýýäm bular ýaly býurokrat simlerine öwrenişiklidik, ýöne bu ähli ölçegler boýunça çendenaşady. Ahyrsoňy, on iki boluberende, başlyk peýda boldy. «Meniň yzym bilen ýöräň», — diýdi. Biz professor bilen başlygyň yzyndan uzyn däliz boýunça gitdik. Biz müdirligiň başlygynyň otagynyň ýanyndan geçdik we ýene ýöräp başladyk. Professor maňa geň galmak bilen gaşlaryny ýokary galdyryp seretdi. Ahyrsoňy biz saklandyk. Başlyk adam müdirligiň başlygynyň öten agşam keselländigi barada aýtdy. Biziň işimiz onuň orunbasaryna tabşyrylypdyr. Professor meniň ýüzüme çaltlyk bilen seretdi. Ýigrimi minut geçenden soň, biz otagdan erkin adamlar bolup çykdyk. Meniň başlygyň sagat näçede kesellänini şeýle bir sorasym geldi. Şu güne çenli men bir zada ynanýaryn — ýagny maňa 11.35-de keselledi diýip jogap berjeklerine ynanýaryn. Hökümet bilen çaknyşyk bizi Budapeştde täze ýygnaklary geçirmek mümkinçiligimizden mahrum etdi. Professor meniň üçin ýurduň gündogar tarapyna gitmegimi gurnady we maňa terjimeçi hem tapdy. Men Budapeşte gaýdyp gelenimde, öz dostumyň we onuň oglunyň ýanyna özümiň baryp gelşim barada gürrüň bermäge gitdim. Ýöne bir zadyň barlygyny şobada duýdum. Birinjiden, gündiziň güni kakasy bilen ogly öýdediler. Olaryň biri hem bolup geçenler barada bir söz hem aýtmadylar. Olar meniň ertesi gelmegimi haýyş etdiler we gaýtmankam olar bilen ertirlik edinmegimi soradylar. Ertesi irden hem men betbagtçylygyň ýakyp barýan duýgusyny duýdum. Biz stoluň başyndan turanymyzda, Ýanoş jübüsinden kiçijik bukja çykardy. Men bu maşgalada nähili wakalaryň bolup geçenini soň bildim, şonda maňa bu sözleriň ähmiýeti aýan boldy. «Biz size nähili minnetdarlyk bildirjegimizi hem bilemzok, — diýip Ýanoş aýtdy, — siz biziň ýurdumyza gelip, örän töwekgellik etdiňiz. Biz muny size Gollandiýada garaşýan gyzyňyza sowgat bermegiňizi isleýäris». Men olara Korri barada gürrüň beripdim. Gapyrjagyň içinde gadymy altyndan ýasalan, gyzyl gaşlar bilen bezelen gülýaka bardy. Meniň ýüzüme seretdiler-de, olar güldüler. Ýanoş öz gelnini gujaklady. «Andi, onuň saňa «hawa» diýmegi üçin dileg ederis, howa». Öýe gaýdyp gelýärkäm, Awstriýada, ýoluň gyrasynda kiçijik çadyrda ýatmaly boldum. Gijäniň içinde men birden elhenç bir zada oýandym. Meni gyzyl galstukly polisiýanyň bütin bir topary kowalaýardy, olaryň hemmesi ellerini çarpýardylar, çarpýardylar we çarpýardylar. Men munuň hemmesiniň professor B. gatnaşygynyň barlygyny duýýardym, men oňa howp abanýanyny bilýärdim. Ertesi gün men geçip barýan şäherlerimiň birinden oňa hat iberdim. Gollandiýada, hatda men Wittä hem barman, göni Harleme gitdim. Hassahanada maňa Korriniň sagat üçden on bire çenli işleýänini aýtdylar. Men ol esasy çykalganyň gapysyndan çykýança garaşyp durdum. Köçedäki çyralaryň ýagtysyna onuň saçlary altynsowult däl-de, bürunç reňki bilen öwüsýärdi. Aýak üstünde uzak wagtlap işlänsoň, Korri ýadaw görünýärdi. Ýöne ol gülende bolsa, ondan ýadawlyk aýrylan ýaly boldy. «Andi! — diýdi. — Men hem seni söýýärin! Sen ähli kynçylyklaryň şundadygyny eýsem göreňokmy ahyryn? Men şonda-da sen barada tolgunaryn, göresim geler we seniň üçin dileg ederin. Gowusy men aklyndan azaşan dost bolanymdan, ynjalyksyz aýal bolanym gowy bolar». Geljek hepdede biz Harlemdäki altyn dükanyna bardyk we iki sany nika ýüzügini aldyk. Gollandiýada şeýle bir adat bar, toýa çenli ýüzügi çep eliňe dakmaly, nikadan soň bolsa — sag eliňe. Biz Korri bilen iki ýüzügi hem onuň jaýynyň ýokarky gatyndaky kiçijik otagyna getirdik. Ol ýerde biz gapyrjaklary açdyk we biri-birimiziň barmagymyza ýüzügi dakdyk. «Korri, — diýip, geljekde biziň çagyryşymyz bolup galjak sözleri ilkinji gezek aýdýandygymy bilmän, men gürläp başladym, — Korri, biz bu ýoluň nirä äkitjegini bilemzok ahyryn, dogry dälmi?» «Emma, Andi, — ol meniň deregime gürrüňi soňlady, — gel, ol ýoldan ikimiz bile gideli». Men Wittä gelenimde, maňa professor B-den gelen hat garaşýardy. Ol meniň Wengriýa baranyma ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärdi. Ýygnagymyz öz agzalarynyň biri-birine edýän hakyky aladalarynyň subutnamasyna minnetdarlykda has hem berkedi diýip ýazypdyr. Ol men ýene bir gezek bararyn diýip umyt edýäris diýipdir we meniň yzym bilen başgalaryň hem geljegine ynanýaryn diýipdir. Ol: «Emma, — diýip, täzeligi onuň özüne gelşip duran görnüşde aýtdy, — men bolup geçenler barada siziň bilen paýlaşmaly diýip oýlaýaryn. Bu siziň bize geleniňiziň netijesidir diýip pikir etmäň, bu islendik ýagdaýda meniň üstüme abanýardy. Meni uniwersitetden gitmäge mejbur etdiler. Lapykeç bolmaň: biziň Halasgärimiziň hatyrasyna diňe men köp zatlary gurban etmeli bolmadym, köpler munuň pidasy boldular. Siz hiç haçan bu adatdan daşary wajyp işiňizden boýun gaçyrmaly dälsiňiz. Andreý, bu siziň wezipäňiz ahyryn; biziň her birimiziň öz wezipämiz bar. Biz her gün siziň üçin dileg ederis, ýöne siz biz barada hiç haçan eşitmersiňiz. Bu haty biziň ýurdumyzdan meniň bir dostum äkider. Biziň poçtamyzy barlaýarlar. Siziň gullugyňyzyň ösmegi we güýçlenmegi üçin dileg edýäris. Ýene bir gezek: ruhdan düşmäň. Biz Hudaýy şöhratlaýarys». On ikinji bap ÝALAN ÝYGNAK Biz Korri bilen Alkmarada 1958-nji ýylyň Oguz (iýun) aýynyň 27-sinde durmuş gurduk. Biziň toýmuza Gretýe, jenap Ringers we fabrikden birnäçe adam, şeyle hem Harlemdäki hassahanadan bir awtobus bolup gyzlar gelipdiler. Londondan Hoppi daýym geldi, ol aýalyndan salam getiripdir, ol gelmäge ýaramandyr. Şeýle hem WEC-iň ştab-kwartirasyndan dostlarym gelipdiler, bosgunlaryň lagerinden ýoldaşlarym we elbetde, Korriniň ejesi, meniň doganlarym maşgalalary bilen gelipdiler. Ýöne men başgalary hem: Antonini, çehoslowakiýaly lukman-talyby; Ýugoslawiýadan Jamili we Nikolany; Wengriýadan Ýanoşy we professor B-ni görmek isleýärdim. Biz dostlarymyzdan we ýatlamalardan dynç almakçy bolup, ahyrsoňy ýeke özümiz galanymyzda, eýýäm garaňky düşüpdi. Biz birinji nika aýymyzy geçirmek üçin, Karl de Grafdan onuň ýaşaýyş awtotirkegini aldyk. Biz Fransiýa romantiki görnüşde gitmegi arzuw edýärdik. Ýöne toýdan soň biz birden ikimiziň hem gaty ýadanymyza düşündik — Korri edil ýaňy tamamlanan gutardyş synaglaryndan, men bolsa, adaglanynyzdan soň ähli wagty bosgunlaryň lagerinde işlemekden ýadapdym. Alkmaradan birnäçe mil daşda biz Gollandiýada örän seýrek duşýan kiçiräk tokaýda restoranyň üstünden bardyk. Biz maşynymyzy goýduk we ol ýere kofe içmek üçin girdik. Ýöne onuň eýesi aýaly bilen şeýle bir myhmansöýer ekenler we awtotirkegiň kynçylyk boljak däldigini bize ynandyrdylar welin, biz ol ýerde galdyk. Biz treýlerimizi agaçlaryň aşagyna goýduk we özümiziň nikadan soňky aýymyzy şol tokaýjykda geçirdik. Saraýyň ýokarsyndaky otag eýýäm garaňky we çyg däldi! Men ozal bu barada nähili pikir edip bildimkäm! Korri bilen bile oňa ýagtylyk we ýylylyk girip, ol hakyky öýe öwrülipdi. Ýöne bizde aşhana ýokdy. Suw geçirijisi hem ýokdy. Üçekden bir o ýerden, bir bu ýerden suw damardy we biz, köplenç, öýde ýatmaýardyk. Ikimiz bilekäk nähili bolanda näme! Ýeke-täk kynçylyk bolup, geýimli haltalar durýardy. Bütin Gollandiýada, hemme ybadathanalarda men adamlara bosgunlaryň egin-eşikde mätäçlik çekýändikleri barada aýdýardym we adamlar iberer ýaly öz öýümiziň salgysyny berýärdim. Ýöne men şunça geýim geler diýip oýlanamokdym ahyryn! Olap poçta bilen, otlularda, ýük ulgalarynda gelýärdiler we öýümiz dolup gitdi, bulary nirede saklajagymyzy bilmeýärdik. Şol birinji ýylda biz sekiz tonna geýim alypdyk. Martýe durmuşa çykypdy we öz adamsynyň öýünde ýaşaýardy, Ari bilen Geltýeniň ikinji çagalary doguldy, Kornelius bolsa öz aýaly bilen üçekde ýaşaýardy. Biziň otagymyzdan başga ýerde geýimleri saklamak üçin ýer ýokdy. Biz Korri bilen her gezek otagymyza girjek ýa-da ondan çykjak bolsak, bu haltalaryň üstünden böküp zordan geçmeli bolýardyk. Ýöne iň erbet zat, bu geýimleriň köpüsiniň ýuwulgysyzlygydy. Biz iň hapa geýimleri howlynyň yzky tarapynda taňňyrda ýuwduk, galanlaryny bolsa çotga bilen arassaladyk, ýöne biziň otagymyzda hemişe büreler bardy. Başga kynçylyk bolup, ýükleriň beýle köplügini daşamak bolup durýardy. Her gezek men lagere gidenimde, ulagymy geýimlerden dykyp doldurýardym, ýöne ähli artykmaçlyklaryna garamazdan, meniň «Folkswagenim» ýük ulagy däldi ahyryn. Meniň lagere Korri bilen gidesim gelýärdi, onuň ol adamlary we meniň kimler üçin goşlary ýygnaýanymy görmegini isleýärdim. Men onuň ol ýere yzygiderli gitmegi barada arzuw edýärdim, sebäbi men ol ýerde şepagat uýasynyň nämäni aňladýanyny bilýärdim. Şol sebäpden hem men eýýäm güýzde ulagyň yzky oturgyçlaryny depesine çenli switerlerden, penjeklerden we aýakgapdan doldurdym we Gündogar Berlindäki lagere tarap ugradyk. Biz geýimleriň birinji tapgyryny Fihteriň bunkeriniň ýanynda düşürdik. Olar ýarym tegelek görnüşinde gurlan köne harby jaýlardy. Uruş wagtynda olar basybalyjylar tarapyndan ulanylypdy, indi bolsa, bosgunlar üçin «jaýlara» öwrülipdiler. Ol ýerde Korri birinji gezek hapany we lagerleriň ýagdaýlaryny gördi, şol gün agşam hatda ol naharlanyp hem bilmedi. Men Folkmarştrassedäki lageri ýörite ertire goýdum, sebäbi ol mundan hem beterdi. Fabrigiň köne jaýlarynda takmynan bäş müňe golaý adam ýaşaýardy. Ol ýerdäki şertler şeýle bir elhençdi welin, gyzlar öž bedenlerini elli pfeninge satýardylar — bu takmynan on bäş sentdi. Biz geýimli haltalary paýlaýyş merkezine alyp barýarkak, äpişgelerden ýetginjekler sümülip çykyp, biziň üstümize iýmitiň galyndylaryny zyňýardylar. «Olara gaharyňy getirme, — diýip, onuň üstündäki salatyň çüýrän ýapraklaryny aýryp duran ýerimden men Korrä aýtdym, — her hili nejis zatlary oýlap tapmakdan başga olaryň işleri ýok». Emma meniň üçin iň gussaly tomaşa bolup, A. J. Dýunanyň lageri durýardy. Biz ol ýere Korri bilen iň soňky nobatda bardyk. Gyzyl Haçyň düýbüni tutujynyň ady dakylan lagerde, ozal hünärmen bolanlar köpdüler, esasan hem, mugallymlar kändi. Bu lager diňe bir bu ýerde fiziki taýdan gussalydygy bilen belli däldi-de, eýsem ýene bu ýerde adamlar öz adatlaryny saklamaga çalyşýardylar, bu bolsa, lapykeçligi öňküden hem duýarlykly edýärdi. Şol gün men lageriň başlygynyň jaýyndan çykanymda, Korriniň Gündogar Germaniýadan gelen Genriýetta atly çal saçly aýal bilen gürleşip duranyny gördüm. Onuň özüni alyp barşy maňa hanym Mekleni ýatlatdy. Biz bir asudaja ýeri tapdyk we ol ýerde bir sagatlap gürleşip oturdyk. Genriýetta özüniň Saksoniýada on üç — on dört ýaşly çagalaryň mugallymy bolanlygyny we ähli kynçylyklaryň hem şunda jemlenýändigini gürrüň berdi. Ol: «Eger men bäş-alty ýaşly çagajyklary okadýan bolsam, men muňa gözlerimi ýumup hem bilerdim, — diýdi, — ýöne ýok, meniň okuwçylarymyň ýaşy «Lugend Weihe» baýramçylygyna, ýagny «Ýaşlaryň bagyş edilmegi» baýramçylygyna gatnaşmaly ýaşlarynda ahyryn». «Ýaşlaryň bagyş edilmegi?» Genriýetta: «Hawa, görýäňizmi, — diýdi, — men lýuteran. Biziň yabadathanamyzda konfirmasiýa — bu çaganyň durmuşynda iň beýik waka, iň uly baýramçylyk. Şol gün oňa sowgatlar berýärler, gutlag sözlerini aýdýarlar, ol täze hukuklara eýe bolýar, meselem, oglanjyklar üçin uzyn jalbary geýmek hukugy. Ýöne ilki bilen bu dini baýram. Bu ynamyňy ykrar etmeklik adaty». Soňra Genriýetta «Jugend Weihe» baýramçylygy — ýaşlaryň bagyş edilmegi baýramçylygy hakynda gürrüň berdi. Men munuň Ýygnaga garşy bolan örän akylly çozuşdygyna şobada düşündim. Hökümet bu baýram bilen mesihileriň konfirmasiýasynyň ornuny çalyşýardy. «Bu hereketiň dowamynda ýaşlar kasamy Hudaýya bermeýär-de, döwlete berýär, — diýip, Genriýetta aýtdy, — döwlet bu söz bermeleriň dabarasyna hem-de berkligine örän uly ähmiýet berýär. Mugallymlar ýaşlary bu baýramçylyga bir ýylyň dowamynda taýýarlamalydylar». Genriýetta munuň näme bilen tamamlananyny düşündirmänkä, men eýýäm düşündim: «Siz boýun gaçyrdyňyz». «Men boýun gaçyrdym». «Emma bu örän erjel hereket ahyryn». Genriýetta güldi. Ol: «Ýok, — diýdi, — men hiç-de erjel däl. Men pensiýa gitmegiň öň ýanyndaky adaty mugallymdym. Men ejir çeken däl. Emma men bu ajaýyp çagajyklary Hudaýyň döwletdigine ynandyryp okatmaga özümi mejbur edip bilmedim». Bu ýalan konfirmasiýanyň dowamynda ýaşlaryň ýüz göterimi döwlete wepalydygy barada kasam bererler diýip göz öňünde tutulýardy. Genriýettanyň synpyndan bu kasamy diňe okuwçylaryň otuz göterimi beripdi. Ol ilkibaşda oňa örän güýçli azar berendiklerini aýtdy. Partiýa ýolbaşçylary onuň ýanyna hepdede bir gezek dostluk duşuşygy hökmünde gelip gidýän ekenler. Elbetde, ähli mugallymlaryň öz okuwçylaryny kasama getirmek üçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini etjekdikleri göz öňünde tutulýardy. Olar geljek ýyl hemme zatlaryň üýtgejekdigine ynanýardylar. Emma bir ýyl geçensoň hem muňa bolan gatnaşyk şol öňküsi ýaly bolup galypdy. «Şonda olar meniň üstümden hakykatdan hem basyp başladylar», — diýip Genriýetta aýtdy. Her hepdedäki gelip gitmeler, her güne geçdi. Her gezek onuň ýanyna dürli adamlar gelýärdiler — hepde yzyndan hepde. Biz ýene-de, ýene-de şol bir zat hakynda gürleşýärdik. Hany meniň wepalylygym? Meniň ösüşe päsgel berýänligim barada günäkärläp biljekdiklerine düşünýänmi bir? Bu Halk respublikasynda örän agyr jenaýatdy. Her gije olar giçlige çenli onuň jaýýnda galýardylar, tä ol ukusyny ýitirýänçä, olar ony gorkuzýardylar we nerwilerine täsir edýärdiler. Genriýettanyň häsiýeti üýtgäp başlapdy. Işde hem azap çekýärdi. Şol bir wagtda olar çagalara hem täsir edip başlapdy, olar hem näme üçin olary beýlekiler ýaly bagyşlamaga taýýarlamaýandyklary barada soraýardylar. «Seýlelik bilen, görýäňizmi, — diýip Genriýetta aýtdy we ol aglap başlady, — men gaçdym. Men muňa çydap bilmedim. Ynha näme üçin, — diýip, ol elleri bilen lagere tarap görkezdi, ol edil onuň ýaly gaçyp gelen beýleki mugallymlary hem görkezýän ýalydy, — şol sebäpden hem meni erjel diýip hasap etmäň. Mümkin, biz ýaňy erjel bolup başlandyrys, ýöne biz basym basyldyk. Biziň hemmämiz». Genriýetta we beýleki bosgunlar bilen gürleşip, men kommunistik ýurtlardaky ýygnakdaky durmuş barada suratlary göz öňüme getirip başladym. Öz göz öňüme getirmelerimde men daşarky aýlawy çekdim — meniň öz hususy tejribelerim we beýlekileriň habar bermegi boýunça, dini erkinligiň birnäçe derejesi bolan ýurtlaryň suratyny çekdim: Polşa, Çehoslowakiýa, Ýugoslawiýa, Wengriýa we Gündogar Germaniýa. Ýöne bu daşarky aýlawdan başga, gaçanlaryň aýtmaklaryna görä, içerki aýlaw hem bardy, ol ýerlerde ýygnaklara garşy çozuşlar has hem güýçlüdi: Rumyniýa, Bolgariýa, Albaniýa we Russiýa. Men Gündogar Germaniýadan başga daşarky aýlawyň hemme ýurtlaryna barypdym. Indi meniň düşünişime görä, bu ýurda baryp görmelidim. Bu ýurda göni Günbatar Germaniýadan barmak meniň üçin amatlydy. Emma men Korrä bile gitmegi teklip edenimde, ol maňa gorkudan doly gözleri bilen seretdi. «Andi! — diýip gygyrdy. — Men lagerleri nädip taşlaýyn? Bu ýerde iş örän köp we ony etmäge adam ýok! Nädip men bulary taşlaýyn ahyryn?» Men oňa üns bilen seretdim: onuň ýaňaklary gyzýardy, gözleri bolsa içiňden geçip barýardy. Men ony bu ýere, ýagny mätäçlikleriň we mahrum bolmalaryň deňziniň içine getirip, dogry iş edenligime bir hili şübhelendim. Bu azaplara hatda maňa seretmek hem kyndy, emma şepagat uýasy üçin bolsa, näme etmelidigini bilýän, ýöne öz başarnyklaryndan doly derejede peýdalanyp bilmeýän şepagat uýasy üçin, mümkin bu örän agyr ejirdir. Ol lagerden lagere barýardy we gutarmaýan gujur-gaýraty bilen ejeler üçin sapaklary gurnaýardy, gaýnak suwly gaplary goýýardy, inçekeselli näsaglaryň ulanýan gap-gaçlaryny aýratyn saklanmaga çalyşýardy. Hemme ýerde ol tiz lukmançylyk gözegçiliklerini geçirýärdi, keselli bokurdaklara derman çalýardy, ýaralary arassalaýardy, sowuklan gözleri ýuwýardy we hatda diş hem sogurýardy. Edil onuň peýdasy üçin hem, men ony birazrak dynç alar ýaly alyp gidesim gelýärdi. Ýöne ol boýun gaçyrdy. «Sen gidiber, — diýip, ol men Gündogar Germaniýa gitmek üçin uzaga çekdirmän wiza alanymda aýtdy. — Meniň ol ýerde näme işim bar? Men wagyz edip bilmeýärin. Men nemes dilinde gürläp bilemok. Men hatda ulag hem sürup bilemok ahyryn. Ýöne men içi mikrobdan doly hajathanany şobada görýärin» — diýdi. Ol hiç haçan ýanyndan goýmaýan ýokançsyzlandyryjy serişdeli çemodanjygyny aldy. «Gaýdyp geleniňde, sen maňa hemmesini gürrüň berersiň», — diýdi. Men Günbatar we Gündogar Germaniýanyň arasyndaky serhedi Brandenburg derwezesine golaýrakda geçdim. Şäheriň iki böleginiň arasyndaky tapawut men edil onuň Gündogar bölegine gelenimde bildirdi. Meni eýýäm uruşdan soň önümçiligiň yza galanlygy sebäpli, täze egin–başlaryň deregine dükanlaryň hemme ýerini tutýan köneräk geýimler we ägirt gül çemenleri geň galdyranokdy. Ýöne meni asudalyk geň galdyrdy. Köçelerde hiç kim gürleşmeýärdi. Bu düşnüksizdi we geňdi, hamala diýersiň şäher ýas tutýan ýalydy. Ýa-da gorkýan ýalydy. Wagtyň geçmegi bilen men bu gorkyny fiziki taýdan duýup başladym. Hemme ýerde polisiýa işgärleri bardy. Olar köprüleriň üstünde, zawodlaryň, fabrikleriň we jemgyýetçilik jaýlarynyň girelgelerinde durýardylar; olar islendik adamy saklap bilýärdiler, olaryň portfellerini, hojalyk torbalaryny, gapjyklaryny döküp bilýärdiler. Ýöne bu eden-etdilige hiç kim arz edip bilenokdy. Hiç kim garşylyk görkezenokdy, hemmeler dymýardylar. Bu gorkuzyjy asudalyk, şäheriň üstüne zäherli duman ýaly bolup sallanyp durdy. Hökümetiň gaty sesi, öz ýanyndan adamlaryň dymmaklygy bilen ýiti tapawut bolup görünýärdi. Onuň sesi hemme ýerde eşidilýärdi: gaty ses bilen gepleýän radioda, reklamalarda. Hemme ýerde çagyryşlar asylgydy: diwarlarda, öýleriň üçeklerinde, telegraf agaçlarynda, kiosklarda, dükanlarda, myhmanhanalarda we demir ýol menzillerinde. Hemme ýerde wagyz-nesihat. Men döwletiň syýasatynyň şeýle gönümeldigine geň galdym. Gündogar Germaniýa edil şol wagtlar ýiti azyk gytçylygyna düşüpdi. Zähmetsöýer nemes fermerleri kolhozlary döretmek taglymyna hiç bir höwessiz garapdylar. Obadan şeýle bir kän adam gidipdi welin, şol ýyl güýzde hasyly ýygnamaga adam hem galmandy. Hökümet ähli umytlaryny, köpçülikleýin wagyz bilen alnyp barylýan mehanizmleşdirilen işlere goýýardy. Çörek örän köp bolar, sebäbi sosializmiň gazananlary, hususy fermeriň gazananlaryndan ýokary bolar. Bir zat erbetdi. Maşynlar bugdaýy ýygar ýaly, ol gury bolmalydy we mehanizmleşdirilen görnüşde ýygnamak üçin, el bilen ýygylandan güneşli gün iki gün köp bolmalydy. Elbetde, şol ýyl ýagyşly bolupdy. Ýagyş edil hasyl ýygnalýan döwri her gün ýagýardy. Soňra birden tutuş ýurduň içinde kiçijik goşguly plakatlar peýda boldy: Ohne Gott und Sonnen schein Holen Wir Die Ernte ein. Günsüzem, Hudaýsyzam Hasyl köp bolar. Men bu çagyryşyň adamlary hakykatdan hem geň galdyranyny gördüm. Bu Hudaýyň Özüne täze düzgüniň ýakymsyz çagyryşydy. Ýagyş diňmän ýagýardy we hasyly ýygnamak mümkin däldi. Birden bir gijäniň içinde hemme plakatlar edil duýdansyz peýda boluşlary ýaly, duýdansyz hem ýitdiler, birnäçesi tutuşlygyna öllenip, direglere ýelmeşip, galanlaryndan başga hemmesi ýok boldy. Hökümet indi näme eder? Radio boýunça we gazetlerdäki bildirişlerde şu ýüzlenmeler bardy: «Bizde çörek ýok diýip aýtmaga hiç kime ýol bermäň. Hakykatda bolsa, çörek örän kän. Bu sosializmiň tebigatyň güýçlerini ýeňenliginiň bir mysalydyr». Emma çorek bolsa ýokdy. Meniň özüm çorek dükanlaryna baryp görýärdim we çörek göremokdym. Hatda ol restoranlarda hem ýokdy. Iň gynançly ýeri, bu iki ýüzlülik barada hiç kim hiç zat aýtmaýardy. Çöregiň ýoklugy barada hatda hiç kim ýatlamaýardy. Adamlar dymýardylar. Hemmesinden hem beter meni Saksoniýanyň günorta etraplary gyzyklandyrýardy, sebäbi men Genriýettadan we beýleki bosgunlardan, ol ýerde heniz ýygnagyň diriligi barada eşidipdim. Men onuň nähili derejede diriligini bilemokdym. Germaniýa gapma-garşylyklaryň ýurdudy. Bir tarapdan, düzgüniň basyşy has güýçli duýulýardy we hemişelik polisiýa gözegçiligi baradaky taglymat işleri ýigrenç döredýärdi. Edil şol bir wagtda bolsa, beýleki islendik kommunistik ýurtlara garanda, Gündogar Germaniýada nähili hem bolsa, dini erkinlik köpräkdi. Wilgelm atly bir adam (onuň salgysyny maňa Saksoniýada berdiler) lýuteran ybadathanasynyň ýaş hünärmen gulluk edijileriniň biridi. Onuň Mar atly aýaly bilen ýaşaýan obasy ýurduň daglyk we tokaýlyk böleginde ýerleşýärdi. Daş-töwerek tokaýlykdy, olaryň görnüşi her bir gollandiýalynyň ýüregini gözi gidijilikden doldurýardy. Jaýyň ýanynda onuň kiçijik mopedi durdy, Wilgelm onuň bilen tutuş Gündogar Germaniýany yssyda hem, ýagyşda hem, garda hem aýlanyp çykandygyny bildim. Wilgelm meni gapynyň agzynda garşylady we öýüne çagyrdy. Biz Maryň demlän çaýyny içenimizde, Demir perdäniň aňyrsyna näme sebäpden gelenimi aýtdym. «Men siziň geleniňize şat», — diýip Wilgelm aýtdy. Ol dymdy we üsgürdi. Çuň gury üsgülewik onuň bütin bedenini titretdi. «Biz goldawa we ruhlandyrylmaga mätäçlik çekýäris». «Size Injil gerekmi? — diýip, men ondan soradym. — Meniň ýanymda nemes dilindäki Injiller bar». «Bizde Injil kän». Men muny ozal hem eşidipdim we haçan ol hakykatda Injilleriň azlygyny boýun alarka diýip garaşdym. Emma Mar meni kiçijik iş otagyna alyp bardy we meniň göwnüme bir hili öz öýümde ýaly bolup göründi. Tekjelerde onlarça Injil durdy. Men olaryň birini aldym we onuň çap edilen ýerine seretdim. «Germaniýa Demokratik Respublikasynda çap edildi». «Geliň men size başga erkinlikler barada gürrüň bereýin, — diýip, Wilgelm başlady, — bizde syýasatçylary däl-de, hakyky mesihileri taýýarlaýn seminariýalar bar. Bizde müňlerçe adamy özüne çekýän wagyz ediji duşuşyklary geçirilýärler. Lýuteran ybadathanasynyň içinde, edil Gollandiýadaky islendik hereketler ýaly, güýçli hereketler bar». «Emma siz ruhlandyrma gerek diýip aýtdyňyz ahyryn». Wilgelmiň ýumruklary birden ýumuldy. Men onuň barmaklarynyň süňkleriniň agaranyny gordüm. «Biz Ýewropada iň wajyp söweşleriň birini alyp barýarys. Bu ýerde, ýagny Germaniýada, kommunistler «ynandyrmanyň» başga bir görnüşini ulanmaga çalyşýarlar, meniň garaýşyma görä, bu açyk yzarlamadan hem howply bolup görünýär. Siz meniň bilen biziň sinodymyzyň şu günki maslahatyna baryp bilersiňizmi? Meniň näme barada aýdýanymy özüňiz görersiňiz». Men özümiň ulagymda gitmegi teklip etdim we Mar maňa minnetdarlyk bilen ýylgyrdy. Ol: «Şu moped zerarly ol şeýle bir üsgürýär, — diýdi. — Islendik howada müňlerçe kilometri geçýär. Iki ýyl mundan ozal lukman oňa şemallamadan daşda durmagy maslahat beripdi!» Wilgelm onuň elini sypalady. «Mar biynjalyk edýär, — diýip, ol ötünç soraýan äheňde aýtdy, — ýöne bütin ýurduň ýaşlarynyň näme etmelidigi hakynda siziň eşidesiňiz gelýärmi?» Ulagda ol başlan mowzugyna dolanyp bardy. Ol: «Biz, nemesler, bu çozuşyň birinji pidalary bolduk — diýdi. — Ýygnagyň garşysyna näçe agyr syýasaty alyp bardyklaryça, ony has hem berkidýärler. Bu hemişe şeýledi. Yzarlamalar başlananda, adamlar öz dinleri üçin göreşmek gerekmi-kä diýip oýlanýarlar we beýle synaglara mesihilik hemişe döz gelip biler. Hakyky howplulyk gizlin çozuşlarda ýüze çykýar, adamyň ýygnakda ýeterlikli berkemeginden öňürti, çozuşlar onuň ünsüni bölüp alyp gidýärler. Şu günki çykyşlary diňläniňizde, muny ýadyňyzda saklaň». Sinodyň bu maslahaty, olaryň «ýalan ýygnak» diýip atlandyran kynçylyklaryna garap geçmek üçin çagyrylypdy. Ruhany yzyndan ruhany ýerlerinden turup, meniň ilkibaşda düşünmedik statistiki maglumatlary okaýardylar. «Durmuşa gadam basmak adaty — otuz bäş göterim. Ýaşlary bagyş etmeklik — elli bäş göterim. Nika — kyrk bäş göterim. Jaýlamak — elli göterim». Emma Wilgelm bu sanlaryň nämäni aňladýanyny düşündirende bolsa, men hökümetiň meýilnamalarynyň ägirtdigine düşünip başladym. Ýygnaga göni çozuşlar bilen hiç zat gazanyp bolmajakdygyna düşünip, düzgün täze ugry oýlap tapypdyr. Olar Hudaýy döwlet bilen çalyşmagy, dini duýgulary bolsa watanşylyk duýgusy bilen çalyşmagy karar edipdiler. Ýygnagyň gadymy paýhasyndan peýdalanyp, olar döwlet adatlaryny teklip edýärdiler. Meselem, suwa çümdürilmegiň deregine, özüne çekiji at bilen atlandyrylan «durmuşa gadam basmak adaty» diýen däp teklip edilýärdi. Çaganyň doglanyny resmi taýdan hasaba almaklyga garyndaşlary we dostlary çagyrylýardy. Ata-eneler çagany öňe çykarýardylar we hökümetiň adyndan hökümet işgäri jemgyýetiň täze agzasyny kabul etmegiň degişli däbini ýerine ýetirýärdi. Şeýle hem nika adatlary geçirilýärdi. Bu zeminde ilki bilen resmi edaralarda döwlet tarapyndan nikany hasaba alyş däbinden geçilýärdi, soňra bolsa, ýygnakda mukaddes adatdan geçilýärdi. Täze düzgün öz üstüne iki keşbi hem ýerine ýetirmekligi alypdy. Nika hasaba alnandan soňra, hökümet işgärleri ikinji mugt gullugy yglan edýärdiler, ol ýere hemmeler çagyrylýardylar we ol ýerde güller, nahar we nikalaşanlaryň sosialistik jemgyýete gadam basmaklarynyň dabaraly adaty geçirilýärdi, olara bagt we üstünlikler arzuw edilýärdi. Döwlet ölüleri jaýlamak barada hem ýatdan çykarmandy. Hoşlaşmak adaty ýönekeý, mertebeli we mugtdy we munda hem hökümet ýene-de Ýygnakdan aýlanyp geçmäge ymtylýardy. Halk respublikasynyň adamzadyň erkinligi üçin göreşe gatnaşan gahryman esgeri öwýän çykyşlar aýdylýardylar. Elbetde, iň dabaraly däp, bu ýaşlar tarapyndan döwlete wepalylyk barada berýän kasamlarydy, bu barada men Genriýettadan eşidipdim. Bu ýalan konfirmasiýa has aýratyn netjelidi, sebäbi ol ýetginjeklere gönükdirilendi, olaryň kabul edijilikleri bolsa, aýratyn ýokarydy. Duýgur jahyl raýat haýsyna eýerjekdigini saýlamalydy: ýurdamy ýa-da ýygnaga. Oňa döwlet tarapyndan pata alar ýaly, öz ýoldaşlarynyň yzyna eýermäge mejbur edip, örän güýçli täsir edýärdiler. Nähili bolsa-da sinodyň maslahatynda statistikany okamak dowam edýärdi. «Ýaşlaryň dabaraly kasamy — ýetmiş göterim. Jaýlamak — otuz göterim». Bu sanlaryň anyk ähmiýetine men tä Wilgelmiň bu sanlaryň ýygnaga gelýänleriň sanyny aňladýandygyny düşündirýänçä düşünmändim. Bular döwlet adatlaryny dini adatlaryna goşmaça hökmünde däl-de, olara çalşyp, saýlap alan adamlardy. «Ilki bilen, — diýip Wilgelm aýtdy, — ýygnak döwlet adatlarynyň garşysyna durdy. Eger ýetginjek döwlete dabaraly kasamy berse, onda ol eýýäm konfirmasiýa gatnaşyp bilmeýärdi». Bu çagalary örän kyn ýagdaýa salýardy, düzgün bolsa, elbetde, soňa ymtylýardy. Resmi tejribäniň edil birinji ýylynda konfirmasiýanyň sanlarynyň kyrk göterime çenli azalmagy bolup geçdi. Geljek ýyl bu san elli göterime çenli ýokarlandy we şondan bäri hem ýagdaý ýyl geldigiçe has erbetleşip barýardy. Wagtyň geçmegi bilen, köp sanly däpleşen protestant ýygnaklary ýetginjegiň kasamy berenden bir ýyl geçenden soň goşulyp biler diýen karara gelip, öz ugurlaryny haýaljykdan ýumşatdy. Ýöne Rimiň katoliki ybadathanasy beýle etmedi, bu bolsa iň bahyl protestantlaryň buýsanmagyna getirdi. Wilgelm: «Bu adamlaryň ýüregi üçin açyk göreş — diýdi, — we ýygnaklar bu göreşde ýeňilýärler. Haçan-da seniň synpdaşlaryň hemmesi «hawa» diýenlerinde, «ýok» diýmek örän kyn bolýar. Hökümetiň bu çozuşlaryna ýygnaklaryň özlerini alyp baryşlary yza serpikmek görnüşinde bolýardy diýip, Wilgelm aýtdy. Hüjüm etmäge geçmegiň deregine, olar hususy özleri bilen meşguldylar we gitdigiçe aýrylykda durmak görnüşine geçýärdiler. Ol: «Ynha näme sebäpden men siziň geleniňize şat, — diýdi, — siz bize ýygnagyň milletden ýa-da islendik syýasy meýdançasyndan uludygynyň ýadymyza düşmegine kömek edersiňiz. Eger Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, özümiziň ýeňjekdigimizi biz ýadymyzdan çykardyk». Wilgelm ýaşlar toparlary bilen duşuşmak üçin, ýarym aýlyk gezelenje gitmäge taýýarlanýardy we meni hem özi bilen gitmäge çagyrdy. «Meniň siz bilen işläsim gelýär, — diýip, ýylgyryp dowam etdi, — Mar hem siziň ulagyňyzy halaýar». Şeýdip, men iki hepdä golaý onuň bilen bile Gündogar Germaniýanyň ähli günorta bölegini aýlanyp çykdyk, ägirt köp sanly Injilli, köp edebiýatly ýygnaklarda geň galdyryjy erkinlikde biz wagyz edýärdik we açyk hoş habary ýaýratmaklyk ýygnaklary çagyrylýardylar. Ýöne bu ýygnaklar, meniň Demir perdäniň aňyrsyndaky gören ýygnaklarymyň hiç birine meňzemeýän görnüşde ahlaksyzdy. Esasan, bu on iki günüň dowamynda men şol bir wagzy dürli görnüşlerde üýtgedip, täzeden yzly-yzyna wagyz edýärdim. Men gündogarly nemesleri wagyzçylar bolmaklyga çagyrýardym, sebäbi öz hususy tejribämde, wagyzçy ýygnagyň — diri ýygnakdygyna düşünýärdim. Bu teklibi eden birinji ýygnagymda çopan ýerinden turdy we tolgunyp aýtdy: «Andreý dogan, size wagyzçylyk işi barada aýtmak ýeňil, sebäbi siz islän ýeriňize gidip bilýärsiňiz. Ýöne biz, Gündogar Germaniýadakylar, näme etmeli? Biz ýurtdan çykyp bilmeýäris!» Men: «Duruň, — diýdim, — edil şu wagt aýdan zadyňyz hakynda oýlanyň. Men Gündogar Ýewropa ýetmek üçin köp wagtlap gitmeli we köp tölemeli bolýaryn. Emma siz eýýän bu ýerde ahyryn! Häzir şu ýerde, ýagny Germaniýada näce rus esgeri bar? Meniň bilşime görä, ýarym million. Bu barada oýlanyp görüň! Bu daglarda näçe yzyna gaýtmadyk nemes bar? Başga ýurtlara gidip bilmeýäniňiz üçin arz etmäň! Size Hudaýyň wagyzçylyk meýdanyny edil şu ýerde berýäni üçin, Oňa minnetdarlyk bildiriň!» Soňra men olara, meniň olaryň etmegi üçin çagyrýan zadymy eden adam hakynda injil taryhyny gürrüň berdim. Men olara Pawlusyň Silas bilen bile zyndanda ýatyşlary baradaky wakany ýatlatdym. Men: «Onuň iki sany mümkinçiligi bardy, — diýdim, — ol zyndandan çykyp bilmeýänligine arz edip oturyp bilýär we ol özüne berlen mümkinçilikden peýdalanyp biler. Pawlus Hudaý barada aýdyp başlady we beýleki tussaglar ony diňleýärdiler. Ol Hoş Habary wagyz edip başlady. Netijede ol diňe bir tussaglary däl-de, eýse garawuly hem onuň maşgalasy bilen mesihilige çekip bildi. Ol ýygnagy hut «kesaryň maşgalasynda» esaslandyrdy. Bu bolsa, meniň pikirime görä, Perdäniň aňyrsyndaky mesihileriň anyk etmeli işleridi». On üçünji bap IÇKI TEGELEGIŇ GYRASYNA ÇENLI Günbatar Berline gaýdyp gelenimden soňra, Korrini tapjak bolup, lagerden lagere aýlandym. Ahyrsoňy ony tapanymda, ol lukmançylyk gözden geçirişini geçirýärdi. Bäş-alty ýaşlaryndaky çagajyklaryň kellelerinden bit gözleýärdi. Men ony görüp hopugdym, üç hepdeden az wagtyň içinde ol örän üýtgäpdir, horlanypdyr. Onuň derisi geň galmaly derejede saralypdyr, gözleriniň aşagynda bolsa, gögümtil halkalar peýda bolupdyr. Ony bäri getirenim, has beteri, ony bu ýerde galdyranym üçin öz-özüme igenýärdim. Bu erden, Berlinden men gymmatbaha Injil ýüküni Ýugoslawiýa, Belgradyň ýygnagy üçin äkitmekçi bolýardym. Ol ýerdäki ýygnagyň agzalarynyň hemmesi üçin onda Injiliň bary-ýogy ýedi nusgasy bardy. Gaagadan däl-de, Berliniň konsullugyndan wiza almak üçin ýuzlenmegiň gowudygyny men ozalky tejribämden bilýärdim. Emma indi men ýaş aýalymyň solgun ýüzüne we onuň ýadaw gözlerine seredenimde, Ýugoslawiýada bolmagymyň ikinji maksada-da hyzmat etjekdigine düşündim. Ol ýerde Korri lageriň elhençliklerini ýadyndan çykaryp biler. Bu ajaýyp ýer ähli gören ýerlerimiň içinde iň gowusy. Şonuň üçin, men biziň pasportlarymyzyň ikisini hem Ýugoslawiýanyň konsullugyna äkitdim we galan günlerimi Injiliň gözleginde geçirdim. Korri ýene jedelleşýärdi. Lagerlerde örän köp iş bardy. Onuň ozal aýdyşy ýaly, Ýugoslawiýada onuň edere işi ýokdy. Bu gezek men onuň saglygy sebäpli, öz diýenimi etdim. Biz ilkinji gezek Demir perdäniň aňyrsyna bile gitdik. Eger Körriniň özüni duýşy erbetleşmeýän bolsa, gezelenjimiz ajaýyp boljakdy. Bu gezek gümrükçiler serhetde biziň goşumyza çalaja seretdiler. Olar biziň ýaş çatynjadygymyza derrew düşündiler, okean boýundaky şypahana barmagy maslahat berip, oňat ýoly salgy berdiler. Edil şol wagt men açyş etdim. Geljekki kontrabandaçylar üçin peýdaly gezelenç erkek adam bilen aýal syýahaty tebigy görünýär. Sebäbi erkek adamyň ýeke özüni gezip ýöreninden müňkürlik has az şubhelenme döredýärdi. Jamil we Nikola bizi begençden ýaňa gözi ýaşly garşyladylar. Biz nobatdaky ýygnaga baryp, täze Injilleri maşyndan çykaranymyzda, adamlar öz gözlerine ynanmaýardylar. Hemmeler Korri bilen tanyş bolmak isleýärdi. Aýallar ony gujaklaýardy. Erkekler bolsa, meniň egnime kakýardylar. Alty gün biziň işimiz diýsen şowly boldy. Duýduryş berilse-de, jerime salynsa-da, Nikola ýene-de meniň terjimeçim boldy. Ol ony meniň geçen gezek gelip gidenimden soň alypdy. Men ýugoslawiýaly ýygnaklar bilen öz garaýşym barada pikir alyşdym. Ony maňa Gündogar Germaniýada beripdiler. Meniň garaýşyma görä, Demir perdäniň aňyrsyndaky ýygnaklar yza çekilmän, eýsem hüjüm edýärdi. Şondan soň, ýedinji gün, haçan-da biz uzakda bolmadyk Sawawehoda dostlarymyzyň öýünde naharlanýarkak, polisiýa geldi. Bu şeýle bir duýdansyz boldy, olaryň näme üçin peýda bolandyklaryna men şol wagt düşünmedim. Biz nahar iýilýän stoluň başynda otyrdyk. Hemmämiz, Korriden özgämiz tüwi bilen goýun etini iýýärdik. Ol özüni ýaramaz duýansoň, gyşarmaga gitdi. Şol wagt birden gapyny kakyp başladylar we öýe çal geýimli poliseýleriň ikisi girdi. Olar: «Siz biz bilen gidersiňiz» — diýdiler. «Siz bilen? Nirä?» «Geplemeli däl! Naharyňyzy goýuň. Biziň yzymyz bilen ýöräň». Men gorkudan ýaňa agyzlaryny açyp, çarşaklaryny ýokary göterip, stoluň başynda oturan dostlaryma seretdim. Korri ýüzüni duw-ak edip, bulaşyk saçly görnüşde gapynyň agzynda peýda boldy. «Ol siz bilenmi?» «Hawa». «Ol hem gider». Polisiýa meniň Ýugoslawiýa öňki gelşim barada ähli zady bilýärdi. Ol örän çaltlyk bilen aýan boldy. Olar örän mylakatlydylar. Emma biziň ýurdy derrew terk etmelidigimiz barada bize habar berdiler. Meniň wizam güýçsüz hasap edildi. Ony dikeldip bolmaýar. «Öz pasportlaryňyzy görkezmegi merhemet ediň». Men pasportymy uly isleg bildirmän berdim. Sebäbi onda bellik bolmagyny islemeýärdim. Ol beýleki konsulluklarda şübhe döredip biljekdi. Ofiserler meniň resminamalarymy haýsydyr bir öz kagyzlary bilen deňeşdirip gördüler we meniň wizama uly möhür basdylar. Indi Ýugoslawiýada men persona non grata (adamynyň şu ýurtda bolmagynyň islenilmezliginiň resmi taýdan bildirilmegi). Korri beden taýdan özüni gowşak duýýardy. Tussaglyk ony howsala salýardy. Awstriýanyň we Germaniýanyň aralygyndan geçýänçäk, ol ýolboýy: «Andreý, men şeýle bir gorkýaryn, — diýip gaýtalaýardy, — emma bu adamlar şeýle mylakatlydylar». Biz Berlinde diňe özümiz bilen iki gaçgagy alyp gitmek üçin durup geçmekçidik. Olaryň Gollandiýa gitmegini biz maliýeleşdiripdik. Emma men Korrini öýlerine — çalt lukmanyň ýanyna äkitmäge dyrjaşýardym. Onuň bilen bir zatlar bolup geçýärdi. Iş diňe bir ýadawlykda we dartgynlyklykda däldi. Men maşyny ýygy-ýygydan duruzmaly bolýardym we onuň ýürek bulanmasy geçýänçä, uzyn düşüp ýatmaga mümkünçilik döredýärdim. Emma haçan-da biz Berline baranymyzda maňa garaşylmadyk waka garaşýardy. Berlindäki Ýugoslawiýanyň konsullugy Gollandiýanyňka garanyňda juda geçirimlidi. Men bu ýerde barjak ýurtlarymyň konsulluklaryna aýlanyp çykdym we olaryň hemmesine arza berdim. Indi gaýdyp gelenimden soň, maňa bir däl-de, iki hat garaşýardy. Bolgariýa we Rumyniýa meniň arzalaryma seredipdir we men olaryň Berlindäki wekilhanalaryna barmalydygymy, ol ýerde men ýurda girmäge resminamalary alyp biljekdigimi habar berdiler. Bolgariýa we Rumyniýa! Meniň bilişime görä, bu iki döwletde mesihileri has beter yzarlaýardylar. Ahyrsoňry Taňrynyň eli içki tegelege giňden gapyny açdy. Emma Korrini öýlerine äkitmelidi. Ondan başga-da, meniň pasportymdäki gyzyl möhürçäniň meselesini çözmelidi. Elbetde, beýleki häkimiýetler näme üçin meni Ýugoslawiýadan çetleşdirendiklerini bilmek islärler. Şonuň üçin, men konsulluga gitmedim, öýümize Wittä ugradym. Korri derrew düşekde ýatdy. Men bolsa, lukmany çagyrdym. Ol onuň ýanynda köp wagt eglendi. Men şol wagtyň hemmesini daşarda betbagt ýagdaýda ýeňiljek merduwanyň üstünde oturyp geçirdim. Ahyrysoňy lukman seresaplylyk bilen basgançakdan aşak düşdi. Ol maňa ýakynlaşyp: «Siziň aýalyňyz oňat ýagdaýda, — diýdi, — men oňa ýürek bulanma garşy dürli däri-derman berdim. Indi ol ýene bir aýdan meniň ýanyma gelmeli bolar». «Emma oňa näme boldy?» — diýip, ynjalyksyzlyk bilen ondan soradym. «Oňa näme boldy?» — ol ahyrsoňy meniň hiç zada düşünmeýändigimi gördi. Ol ýeňil sahna hereketi bilen kellesinden şlýapasyny çykardy we baş egdi. «Sizi gutlaýaryn! Siz basym kaka bolarsyňyz». «Emma Taňrynyň haky üçin, gyzjagazy bütin Ýewropa boýunça süräp ýörmegiňizi bes ediň, oňa dynç almaga mümkünçilik beriň» — diýdi-de, şlýapasyny geýip, sözüniň üstüne goşdy. Ol kiçijik köprüjige golaýlap: «Ynha ýene bir zat — ýokardaky geýimli haltalardan halas boluň, — diýdi. — Ol alpinist bolman, ene bolmaga taýýarlanýar». Berlinden we Ýugoslawiýadan biz Sanjar (noýabr) aýynda dolanyp geldik. Çagajyk bolsa, Oguz (iýun) aýynda dünýä inmelidi. Türkmenbaşy (ýanwarI aýynda Korri özüni diýseň oňat duýdy. Men içki tegelege gitmek barada çynlakaý pikir edip başladym. Eger-de, Korri hüşgär Geltýeniň gözegçiliginde galsa, şol şert bilen, elbetde men ýeke özüm giderdim. Eger-de bu ýurtlaryň her birinde üç-dört hepde bolsam, onda men çaga dünýä inmezinden köp wagt öň dolanyp bilerdim. Emma pasport baradaky meseläni çözmelidi. Zaýalanan sahypany men näme etmeli? Goparmalymy? Ony etmek mümkin däl, sebäbi olaryň hemmesi belgilenendi. Ony zyňyp, täzesini almak üçin, «ýitirdim» diýip, arza ýazmalymy? Emma bu patyşalar üçin däldi. Patyşa gulluk edýänlere yza dönmegiň zerurlygy ýok. Men Gaaga — pasporta gözegçilik edýän bolüme gitdim we öz meseläm barada ofiser bilen pikir alyşdym. Ol maňa düşündi. «Örän gynanýaryn, emma biz hiç zat edip bilmeris» — diýdi. Men: «Görýäňizmi, men wagyzçy, — diýdim. — Mesihiler bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak üçin, men bu ýurtlara gitmek isleýärin». Ol bir minutlap oýlandy. Soňra kellesini ýaýkady. «Täze pasporty nähili ýagdaýda çalt alyp boljakdygy barada hatda men size dil ýaryp biljek däl. Mysal üçin, ýakyn ýurtlara gezelenje gitseň we gümrükçileriň hökman pasportyňa öz möhürlerini basmaklaryny talap etseň, onda siziň pasportyňyzda örän tiz wagtda ýer galmaz we ony täzesine çalyşmaly bolarsyňyz. Biz hatda size bu barada yşarat edip biljek däl. Düşündiňizmi? Örän gynanýan». Göni birnäçe hepde geçensoň, men täze pasport aldym. Korri meni goýbermejek bolýardy. Ol heniz hem tolgunmalardan özüne gelip bilmeýärdi. Ol biziň Ýugoslawiýada tussag edilen wagtymyzda synagy başyndan geçiripdi. Emma haçan-da Britaniýanyň Londondaky halkara Injil jemgyýetinden bolgar we rumyn ýüki gelende, onuň özi olary maşyna ýerleşdirmäge maňa kömek etdi. Ol: «Ahyrsoňy men wagyzçynyň aýaly bolmaga boýun boldum. Iş-iş bolýar» — diýdi. Aýralyk güni gelende, biz eýýäm özümizi beýle batyr duýmaýardyk. Biz «Folswagende» galan ýeri Awstriýanyň lagerindäki bosgunlar üçin geýimler bilen doldurduk. Men olaryň üstünden geçmeli boljakdym. Doktoryň görkezmesi boýunça gülbentler bilen geýimleri biziň otagymyzdan kiçi dälize geçirmeli. Onda olar indi jaýda ýaşaýanlaryň hemmesine päsgel berýärdi. «Bolgariýa we Rumyniýa — bu Ýugoslawiýa däl», — diýip, ýumşaklyk bilen Korri aýtdy. «Eger-de seni bu ýurtlarda tussag etseler, men, belkäm, seni hiç wagt görmerin. Emma seniň körpäň we men saňa garaşarys, Andreý». Elbetde, men onuň göwnüni göterjek bolýardym, emma özümi şadyýan duýmaýardym. Men agyr ýük ýüklenen ulaga mündüm we onuň motoryny otladym. «Sen pul aldyňmy?» — diýip, Korri sorady. Men gapjygymy barlap gördüm. Men öz durmuşymda ilkinji gezek geregindenem artyk pul bilen gidýärdim. Näme üçin soňky wagtlar «Kracht van Omhoogyň» okyjylarynyň şeýle köp pul bagş edýändiklerine düşünmeýärin. Ýolda men örän az pul harç etdim. Sebäbi hemme ýerde, mümkinçilik bolan ýerde, çadyrda ýatýardym we naharymy özüm taýýarlaýardym. Boljak wakalary öňünden bilen ýaly, men artyk pullary Korrä goýmaga synanyşýardym. Ol hemmesini özüm bilen men alyp gitmek üçin erjellik görkezýärdi. Hawa, pul meniň ýanymdady. Biz soňky gezek öpüşip hoşlaşdyk. Haçan-da men kowlanymdan soň, şeýle tizlikde Awstriýanyň lagerinden çykanymda, Ýugoslawiýanyň üsti bilen gitmeli bolanym hakykat. Bu meni biraz gynandyrýardy. Bolgariýa başga ýol ýokdy. Başga ýol bütin Italiýany uzak wagt we gymmatbaha aýlanmagyma elterdi. Ol ýerden gämili Gresiýa, ondan soň bolsa, maşynly Grek Makedoniýasyna barmaly bolardy. Meniň düşünişime görä, täze wizany almak beýle kyn däl eken. Ýugoslawiýada resminamalara örän biparh garaýardylar. Ýene bir hakykat: men — persona non grata, günbatar konsulluklarda entek tanalmaýardym. Erbetlik bolup biljek ýeke-täk ýer serhediň özünde bolar diýip men hasap edýärdim. Umytsyz urýan ýüregim bilen men serhet zolagyna sürüp golaýlaşdym. Emma emeldar meniň paspotyma çalaja seretdi. Biz az-owlak ýollaryň ýagdaýy barada samahyllaşdyk we ýigrimi minut geçensoň, men azat boldum. Meniň hasaplamama görä, islenmedik adamyň gelýänligi baradaky habar Belgradyň resmi adamlaryna ýetýänçä, Ýugoslawiýada bolmaga meniň dört gün erkinligim bardy. Ondan soň, bäşinji günüň ir säheri Bolgariýanyň serhedinden geçmegi niýet edip, çaltlyk bilen günorta-gündogara ugradym. Emma hemişe bolşy ýaly, men Ýugoslawiýada köp zatlary ýerine ýetirmelidim. Jamil ýol ugruna barýan ugrum bounça köp sanly salgy bilen üpjün etdi. Şonuň üçin, bir aý iş etmäge ýeterlik boljakdy. Häkimiýetden ses-üýn ýokdy. Men 24 sagadyň hemmesini özüm üçin şowly peýdalanýardym. Eýýäm bäşinji gün gijäniň bir wagty myhmanhanada ýerleşdim. Öz pasportymy iş dolandyryjyda goýdum we öz otagyma galdym. Belkäm, men bäş sagat ýatandyryn. Birden gapy gaty kakylyp başlady. Men açdym we koridorda adaty raýat kostýumynda iki adamy gördüm. «Geýnip, biziň yzymyz bilen ýöräň, özüňiz bilen hiç zat almaň», — diýip, gapyny açyk saklap, olar nemesçe aýtdylar. Men jalbarymy we köýnegimi geýýänçäm, olar gözlerini menden aýyrmadylar. Biz westibýuldan geçdik, onda bu daňdan çagy basgançaklary ýuwýan aýaldan başga hiç kim ýokdy. Soňra ýene birnäçe ýüz ýard ýöräp, uly daş jaýa bardyk. Uzyn mermer dälizden geçdik. Ol ýerde biziň ädimlerimiziň sesiniň ýaňy boş daş-töwerege ýaýraýardy. Biz ahyrsoňy edara jaýyna düşdük. Stoluň başynda oturan adam meniň pasportymy elinde saklaýardy. «Siz näme üçin geldiňiz? Näme üçin siz ýene Ýugoslawiýa geldiňiz?» — diýip, ol sorady. Ol jogaba garaşman, sesini gataldyp dowam etdi: «Siz pasporty nähili çalyşdyňyz? Diýmek, Gollandiýada gizlin gurama we kanuny bozýanlar muny ýeňňillik bilen edip bilýärler-dä?» Ol stola tarap elini uzatdy. Onuň gyzyl reňkli ullakan möhüri alanyny men gynanç bilen gördüm. Ol üç gezek bu möhür bilen Ýugoslawiýanyň wizasyna patyladyp urdy we diňe şondan soň köşeşdi. Ol: «Ýigrimi dört sagadyň dowanynda siz ýurdy terk etmeli, — diýdi. — Ýugoslawiýada indi hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaň. Size ol ýerde garaşarlar ýaly, biz Triýestiň serhedine jaň ederis». Triýeste? Be, ol bu barada diýenini etdirjek bolarmyka? Triýest ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şäherdi. Men göni şol ýerden geldim. Bu ýerden bolsa, men bolgar serhedinden bary-ýogy elli mildedim. Men: «Emma men Bolgariýa barýaryn! Men bu ýerden gitsem bolarmy? Bu ýerden köp ýakyn bolmaly» — diýip ýalbardym. Emma ol tutanýerlidi. Ol Triýest diýdimi — diýmek Triýest, nähili çalt bolsa, şonça-da oňat. Men göwnüçökgünlik bilen Triýeste ugradym. Ol ýerden bolsa, Italiýanyň we Gresiýanyň üstünden geçip, bir müň bäşýüz mil yzaklykda aýlawly ýol bilen aýlandym, şol wagtyň özünde men eýýäm arzuwyma etip barýardym. Entek men uzyn Italýan «ädiginiň» içinden mytdyllap barýarkam, meniň üstüme depressiýa abandy. Onuň ýaly ýagdaý ozal hiç wagt bolmandy. Ýollar aýylgançdy: sansyz üzlem-saplam şäherjikler kenaryň gyrasyndan uzalyp gidýärdi. Ýük daşaýan ulaglar, tigirler, ata goşulan arabalar — zordan yraň atyp barýardy. Korriniň doglan güni 31-nji Nowrus (mart) aýy ýetip geldi. Men oňa telegramma ýolladym. Emma men begençli duýgyny başdan geçirmegiň deregine, biziň bir-birimizden uzakdadygymyz meniň ýadyma düşdi. Biz toý tutalymyz bäri, onuň ilkinji doglan günüdi. Men bolsa, bu ýerde, entek Italiýadan çykamok. Ozal hiç wagt bolmaýşy ýaly, arzuwdan has daşda we minutsaýyn öýümizden has köp uzaklaşýaryn. Eger-de bir zat bolaýsa? Eger Bolgariýada hem polisiýa bilen mesele ýüze çykaýsa? Birden men çaga dogýança gelip bilmesem? Şeýlelik bilen, munça puluň gerek boljakdygyna men indi düşündim. Olar bu uzak syýahatda maňa örän gerek boldy. Emma iň erbedi — meniň pasportymda ýene şübhe döredýän gyzyl möhürçe durdy. Ondan soň, haçan-da erbet görnensoň, eýýäm mundan erbet bolup biljek däldi. Meniň arkam agyryp başlady. Üç ýa-da dört ýylyň dowamynda oňurgamyň çanagynyň ýerinden üýtgemek meselesi mende bardy. Aýratyn-da ol, haçan-da men uzak ýollary geçinimde, şol wagtlar meni biynjalyk edýärdi. Italiýanyň ýarpy ýolunda bu jebir-jepa täzeden başlady. Ozalkylaryna garanyňda has erbetdi. Men hakykatdan-da iki bükülipdim we örän geň ýagdaýda daraklygymyň üstünde hereket edýärdim. Meniň özümi bejertmäge, durmaga wagtym ýokdy, şonuň üçin adamlar maňa geň galyp seredýärdiler. Gresiýada ulagy gämiden düşürenlerinde, men oňatlaşdym. Iki günden soň grekleriň ýollarynda men agyryma çydaman, jebir çekip gygyrýardym. Italiýada tükeniksiz dykyn sebäpli, çalt sürmek mümkinçiligi bolmadyk bolsa, onda Gresiýada meniň ýolumy ýaramaz-çarkandakly ýollar bökdeýärdi. Men ýol belliklerini okap bilmeýärdim. Olaryň tanyş däl ýazgylaryna düşünmeýärdim, birnäçe mili ýygy-ýygydan aýlanýardym, ondan soň, nädogry öwrülenime düşünip galýardym we hemmesini täzeden başlaýardym. Bu wagtyň hemmesinde ýeser pese düşmek menden aýrylmady. «Ýeri, näme, Andreý, sen ele düşdüň. Seniň bilen hasaplaşdylar. Ýurtdan südürdedip çykardylar. Türmä basyp hem bilýärdiler. Näçe wagtlyk, Andreý. Bäş ýylamy? Onamy? Muny sen Bolgariýada bilersiň. Ol ýerde hem basýarlar. Käwagtlar bendiler hiç wagt azatlyga çykmaýarlar. Hatda hat ýazyp hem bilmeýärler. Korri hiç wagt bilmez». Şeýlelik bilen, sagatma-sagat, gün-günden meniň nerwlerim çäksiz ejir çekdi. Soňra men iň soňky urgyny aldym. Sarran şäheriniň serhedine barýarkak, onuň diňe diplomatlar üçin açykdygyny men bildim. Adaty syýahatçylar üçin Gresiýanyň üsti bilen Bolgariýa barmak mümkin däldi. Ýeke-täk çykalga uzak mil söküp we gün ýitirip, Türkiýänyň üsti bilen gitmekdi. Bu açyşdan soňra, indiki sähere men daşly ýol bilen silkenip barýardym. Men indiki ýolumy bulaşyk göz öňüne getirýärdim. Birden kiçijik gök belgini gördüm. Ýokarsynda grekçe, emma aşagynda latyn harplar ýazylgydy. Ol ýerde ýeke-täk söz bardy: FILIPP Ulagyň tormozyna batly basdym. Filipp? Filipp, edil özi. Ol barada Injilde aýdylýar. Edil şol şäher, onda Pawlus bilen Silas tümlükde oturypdylar, ol ýerde Taňry olar üçin gapy açylar ýaly ýer yranmasyny iberdi. Elbetde! Bu şol ýer! Men ulagymdan çykdym we beýik, inçejik gözenegiň üstünden harabalyk meýdany gördüm. Ol ýerde köne köçeler we ybadathananyň galyndylary bardy. Hatara duran jaýlar, olardan indi, diňe diwarlary saklanyp galypdyr. Be, bu jaýlaryň birisi — Lidiýanyň jaýymy? Ol ýerde Pawlus saklanypdy. Aýmançada gapy bardy, emma ol ýapyk eken. Töwerekde hiç kim ýokdy. Bu ýerde asudalyk höküm sürýärdi. Häzirki zaman Filippi şäheri demirgazyk-günbatarda iki millikde ýerleşýärdi. Emma sesler eşidilýärdi: «Mesihi, hany seniň ynamyň?» — Bu Pawlusdy, ol asyrlaryň aňyrsyndan gygyrýardy. Pawlus hem men ýaly bu ýerde tümlükde oturypdy.Emma meniň tümlügimde agyry we lapykeçlik bardy. Pawlus bilen Silas hem meniň edýänlerimi edýärdiler. Olar Injiliň gadagan edilen ýerlerinde ony wagyz edýärdiler. Taňry halas etmek üçin täsin zat döretdi. Men şonda, şol pursatda düşündim. Ol meni gandaldan boşatmak üçin ýene bir täsin zady berjaý etdi. Meni pese düşürýän zynjyr Pawlusyň elindäki zynjyr ýaly ýitip gitdi. Ruhuň zulumy menden aýryldy we men arkamy göni tutup, başymy ýokary galdyryp duranymy gördüm. Begenç meni beden we ruhy taýdan doldurýardy. Men birden ol ýerde, bu ýerde saklanyp, ýokary böküp, hakykatdan-da ulaga tarap ylgadym. Men motory işletdim we içki tegelekdäki nätanyş adamlar bilen duşuşmaga gitdim. On dördünji bap YBRAÝÝM ÄPETLERIŇ ÝEŇIJISI Türk-bolgar serhedinden geçmekde gören horluklarymdan soňra, meniň üçin garaşylmadyk ýakymly sowgat boldy. Gözegçi maşynyň içine çalaja seretdi we hatda çemodany açmagy hem menden talap etmedi. Ol bolgar wizasynda girilen günüň senesini goýdy, emma pasportyň beýleki kagyzlaryny agdaryşdyryp başlamady. Soňra iňlis dilinde uly bolmadyk gutlag sözüni aýtdy. Emma grekleriňki ýaly örän ýaramaz türk ýollaryndan soňra, bolgar ýollary täzedi we olara oňat gözegçilik edýärdiler. Şol wajypdy. Meni hemme ýerde şeýle bir begenç bilen, edil serhetdäki ýaly garşylaýardylar. Çagalar begenç bilen gygyryşýardy we maşynyň yzyndan uzak ýoly ylgap geçýärdiler. Meýdanda işläp ýören adamlar kellelerini galdyrýardylar, ýylgyrýardylar we ellerini galgadýardylar. Beýle zatlary men Ýewropada hiç wagt görmändim. Şeýle bolsa-da, Bolgariýada diňe esasy ýollar oňatdy. Ýatmaga ýer gözläp şol ilkinji agşam men daglyk etrabynda kiçijik ýoda öwrüldim. Men özbaşdak bolmaga ýer tapdym we ertesi irden Injilleri gizläp goýan ýerimden çykarmak üçin, birnäçe wagtymy sarp etdim. Soňra men rumyn dilindäki Injilleri gizleşdirdim. Dagyň üstünden, çagylly ýoldan taýyp, täzeden oňat ýola düşmek niýeti bilen aşak düşdüm. Emma onuň deregine men egrem-bugram ýolda peýda boldum. Ol meni haýsy bolsa-da, bir obanyň çetinden getirdi. Ýoluň her ädimi has hem erbetleşip başlaýardy. Men kiçijik çeşmeden geçdim we iki minut geçensoň, bütinleý batdym. Yzda galan haýsy bolsa-da bir obajykda palçyga batyp ynamsyz otyrdym. Näme etmeli? Bu soragy men özüme berip ýetişmänkäm, birden güýçli aýdym sesini eşitdim. Ol obanyň iň çetindäki jaýdan gelýärdi. Men maşynyň gapysyny açdym we çalasynlyk bilen ondan çykdym. Haçan-da palçyk topugyma ýetende, men oňa üns bermegimi bes etdim. Men jaýyň gapysyna ýetýänçäm, bu palçygyň üsti bilen barýardym. Bu piwehanady. Ýaňy ir sagat on bolan bolsa-da, eýýäm serhoşlaryň sesleri eşidilýärdi. Men içeri girdim we aýdym aýtmaklyk edil şol wagt kesildi. Obada daşary ýurtluny açykdan-açyk görmeklerine haýran galmak bilen, maňa ýigrimi adam dagy seredýärdi. Howa temmäkiniň tüssesi bilen gaplanandy. Ol günbatar piwehanalaryndan has agyrdy. «Haýsyňyz bolsa-da, biriňiz iňlisçe bilýärmisiňiz? — diýip men soradym. Hiç kim jogap bermedi. «Nemesçe? Gollandça?» Men: «Aý onda-da, salam» — diýdim. Ýylgyrdym we salam bermek hereketini ýerine ýetirdim. Onsoň özüm bilen näme bolandygyny tegelek ýüzli we goýun gözli maňa seredýän adamlara elimiň hereketi bilen düşündirip başladym. Men palçykda batan maşynyň görnüşini aňladyp, güwwüldini düşündirip başladym. Hm-mmm. Hm-mmm. Çuh-çuh-çuh. Stop. Emma men olarda hiç bir düşünmäniň alamatyny görmedim. Men elimi uzatdym we maşynyň ruluny göz öňüne getirip, aýlap başladym. «A! O!» Dim-dik bolup duran beýik agaç stoluň aňry tarapynda duran adam düşünýän görnüşde başyny atdy. Bir minutdan soň, eýýäm ol eli iki kürşge piweli ylgap gelýärdi. Men: «Ýok, ýok, — diýip gülüp, — awtomobil, — diýdim. «Maşyn. Hm-mmm. Br-r-rrr. Stop». Men äýnegimi aýyrdym we ulagdan duýduryş berýän ýoly yşarat etdim. «Geldik!». Ahyrsoňy meniň düşündirişim birnäce adama ýetdi we olar oýundan hezil edip, öz ýoldaşlary bilen ýomak atyşyp ýerlerinden turdular. Men özümi köpçülikleýin oýunlaryň, tomaşalaryň guramaçysynyň göwün açýan adamy ýaly duýýardym. Bu piwehananyň yzynda meniň soraglarymyň hemmesiniň jogaby durdy — ol batga batan kiçijik «Folkswagendi». «A» — olar kellelerini ýaýkaýardylar, elleri bilen butlaryna kakýardylar. Hemmesi düşnükli. Olar kömek etmäge höweslidiler. Uzyn gonçly ädik geýen adamlar hiç bir kynçylyk görmän, palçygyň içine girdiler. Olar elleri bilen görkezip, ruluň başynda meniň oturmagymy maňa yşarat etdiler. Men maşyny işletdim. Haçan-da eginlek adamlar maşyny itekäp başlanlarynda, men maşyny ýöredýän guraly işletdim we maşyn sanawlyja minutda eýýäm uly ýolda, piwehananyň öňünde durdy. Men maşyndan çykyp, olara öz minnetdarlygymy bildirdim. Biynjalykly bilesigelijilik meniň maşynyma we onuň içindäki goşlara olarda azda-kände gyzyklanma döretdi. Topbak kitaplary alyp barýan gollandiýaly baradaky habaryň töwerege ýaýramagyny men islemeýärdim. Men çaltlyk bilen äpet elleri yzly-yzyna gysyp, ýola rowana bolmakçy boldum. Men: «Men çuňňur minnetdar size, — diýdim. — Gollandiýa size minnetdarlyk bildirýär. Sizi Hudaý ýalkasyn…» Emma men gepläp bolýançam, bir adam meniň elimi goýbermän saklaýardy. Ol hakykatdan-da meni özi bilen piwehana südürdekledip saldy. Biz heniz piwehananyň stolunyň ýanyna baryp ýetişmedik. Ýöne häzir näme boljakdygyna men şonda düşündim. Olar meni, islesem-islemesem piwe bilen hezzetlemek isleýärdiler. Men şol Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň harasatly gijesi Hudaýa ýüzlenelim bäri içmeýärdim. Şeýle bolsa-da, alkogol meniň durmuşymda hemişe ýumrujy güýç bolup durýardy. «Hudaý, men näme etmeli?» — gollandça men gaty gygyrdym. Birden meniň içmegimiň gerekdigine men düşündim. Özümiň garşy çykmagym bilen, olaryň myhmansöýerligini äsgermezçilik etdigim bolýar, ol bolsa, olaryň hemme rehimdarlygynyň has ýagşylygy bilen Hudaý üçin haýsy bolsa-da bir düzgüni berjaý etmegi aňladýar. Ýigrimi minutdan soň, öýde ýasalan gözýaş akdyryjy berk piwäny içip, men ýene-de ýigrimi adamyň elini gysdym, güldüm. Hudaýyň has tiz ýalkamagyny arzuw etdim we ýola rowana boldum. Tiz çaltlykda aşaklygyna ýola düşmäge, meniň maşynymyň tigirlerine ýelmeşen palçyklaryň aýrylmagy üçin maňa kyrk minut wagt gerek boldy. Ýugoslawiýada bolan soňky gijäm, meni yzyma — serhede ugradanlarynda, ýakyn dosty Sofiýada ýaşan bir adama duşdum. Ol maňa: «Petrowy keramatly hasaplaýarlar — onuň bilen görüşmek isleýärmisiňiz»? — diýdi. Elbetde, men höwes bilen razylaşdym. Men Petrowyň salgysyny ýatda sakladym we birden häkimiýetler bilen ýakymsyz waka dörände, şonuň üçin ony ýazmak islemedim. Indi men dagyň üstünde durup, ýokardan Sofiýany synlaýardym. Ýugoslawiýada gören iň soňky adamymyň ýat ýurtda aragatnaşygymy goýup bilmekligim üçin, onuň Hudaýyň guraly bolandygy hakynda oýlanýardym. Sofiýa özüniň ajaýyp görnüşinde ýaýylyp ýatyrdy. Ol daş-töweregi daglar bilen gurşalyp, meniň aýagymyň aşagyndady. Ýaşyp barýan günüň şöhlesine onuň prawoslaw ybadathanasynyň tegelek gümmezleri ýalpyldaýardy. Emma bu äpet şäherde Petrowyň ýaşaýan jaýynyň köçesini men nähili ýagdaýda tapyp bilerin? Meniň ýugoslaw dostum maňa eger-de men dasary ýurtly, ol barada adamlardan soraşdyrsam, onda oňa zyýan etjekdigini öňünden tabşyrdy. Şoňa görä, myhmanhana ýerleşip, ilki bilen men şäheriň kartasyny haýyş etdim. «Bagyşlaň ser, emma hemme karta gutardy. Köçäniň burçunyň aňyrsyndaky kitap dükanynda tapmaga synanyşyň». Emma dükanda karta ýok eken. Men myhmanhana dolanyp geldim we gullukçydan haýsy hem bolsa, bir kartany tapyp bermegi soradym. Ol maňa şübheli seretdi. «Size karta nämä gerek? — diýip, ol sorady. — Daşary ýurtlulara gören ýerine gitmek gadagan. «Aý, ýöne azaşmazlyk üçin, — diýip jogap berdim. — Men şäherde ugrumy kesgitlemek isleýärin. Sebäbi men bolgarça gepläp bilmeýärin». Gullukçy kanagatlanan ýaly göründi. Ol: «Bizde hemme bar zat, ine, şu kiçijik karta» — diýip jogap berdi. Onuň stolunyň üstündäki aýnanyň aşagynda köçeleriň elde çekilen meýilnamasy ýatyrdy. Emma bu meýilnama maňa hiç hili kömek edip biljek däldi: ol ýerde esasy köçeleriň atlary sanalýardy. Ýöne onuň mylakatlylygyna jogap edip, haçan-da men kartanyň üstüne abananymda, men geňgaldyryjy zady gördüm. Kartograf hakykatdan-da diňe esasy şaýollary görkezipdir. Ýöne bir örän wajyp zat kadadan çykypdyr. Ol ýerde örän kiçijik köçejik bardy. Şu ýerden bary-ýogy birnäçe kwartal bolmaly. Onuň ady kartada görkezilipdi. Bu edil meniň gözleýän köçämdi. Meýilnamada kiçijik köçeleriň başga hiç biri hem ýokdy. Hiç kimiň ady ýatlanmandy. Men ýene täsin bir duýgyny başymdan geçirdim. Bu gezelenjim Taňrynyň bir wagtky öňünden taýýarlan kesgitlemesidi. Indiki gün ir säher men myhmanhanany terk etdim we derrew Petrowyň ýaşaýan köçesine ugradym. Men ony hiç bir kynçylyksyz kartada görkezilen ýerden tapdym. Indi diňe onuň jaýynyň belgisini gözläp tapmalydy. Haçan-da men köçeden barýarkam, garşy tarapdan meniň garşyma bir adam ýöräp gelýärdi. Haçan-da men gözleýän jaýyma baranymda, edil şol wagt biz onuň bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Bu iki otagly uly jaýdy. Men gapa tarap öwrüldim, nätanyş hem şeýle etdi. Haçan-da biz eýýäm gapynyň ýanyna baranymyzda, men bir sekuntlyk bu adamynyň ýüzüne seretdim. Edil şol pursat mesihileriň durmuşynda adaty bir täsin zat bolup geçdi: biziň ruhumyz biri-birimizi tanady. Hiç bir söz aýtman, ýanaşyp basgançakdan ýokary galdyk. Bu jaýda başga maşgalalar hem ýaşaýardy: eger ýalňyşan bolsam, örän gelşiksiz bolar. Nätanyş öz otagyna baryp ýetdi, açaryny aldy-da, gapyny açdy. Men bir sekunt hem ikirjeňlenmän otaga girdim. Men giren badyma ol gapyny ýapdy. Biz tümlükde biri-birimize seredýärdik. Men iňlisçe: «Men Andreý, Gollandiýadan» — diýdim. «Men bolsa Petrow» — diýip, ol jogap berdi. Petrow we onuň aýaly ýeke-täk otagda ýaşaýardylar. Olaryň ýaşlary altmyş bäşden geçendi. Döwlet pensiýasyny olar öz ýaşaýan otaglary, iýmek-içmek, kä wagtlar geýim almak üçin harçlaýardylar. Ilkinji birnäçe minuty üç bolup dyzymyzyň üstünde geçirdik. Onuň bizi şeýle ajaýyp ýagdaýda başymyzy jemläni üçin, biz Hudaýa alkyş aýdýardyk. Şoňa görä, biz wagtymyzy biderek geçirmedik we özümizi howpa salmadyk. Soňra biz gürrüňdeş bolduk. «Men Bolgariýada we Rumyniýada Injiliň örän zerurlygy barada eşitdim, — diýdim. — Ol hakykatmy?» Jogap ýerine Petrow meni öz hat ýazýan stolunyň ýanyna alyp bardy. Onuň üstünde köne hat ýazýan gural durdy. Oňa kagyz oturdylgydy. Ýanynda bolsa, Mukaddes Ýazgynyň Çykyş kitaby açyk durdy. Petrow: «Mundan üç hepde ozal meniň için örän şowly boldy, — diýdi. — Maňa şu Mukaddes Kitaby tapmak miýesser etdi». Ol maňa kiçijik nahar iýilýän stoluň üstündäki başga bir tomy görkezdi. «Onuň üçin men örän az — bary-ýogy ber aýlyk pensiýamy töledim. Ony şeýle bir arzan satdylar. Sebäbi onuň içinden Başlangyç, Çykyz, Ylham we... kesilip aýrylypdyr». «Emma näme üçin?» — diýip, men onuň sözüni böldüm. «Kim bilýär? Belkem, satmak üçindir. Ýa-da ýumşajyk kagyzdan çilim etmek üçindir. Nähili ýagdaýda bolsa-da, — diýip, Petrow dowam etdi, — meniň ony tapanyma we ony satyn almak üçin pulumyň barlygyna gaty begenýärin. Indi men ýetmeýän kitaplarymyň üstüni dolmaly. Olary meniň hususy Mukaddes Kitabymdan täzeden çap edenimde, mende ýene bir Mukaddes Kitabyň nusgasy bolar. Men bu işi dört hepdede gutararyn». «Siz ikinji Mukaddes Kitaby näme edersiňiz?» «Hä, kim bolsa-da birine bererin». Onuň aýaly: «Plowdiwdäki kiçijik ýygnaga, ol ýerde düýbünden Mukaddes Kitap ýok» — diýdi. Oňa dogry düşünenime meniň ynamym ýokdy. Bütin ýygnakda Injil ýokmy? Hawa, biziň ýurdumyzda şeýle ýygnaklar köp, — diýip, Petrow jogap berdi. — Rumynyýada-da, Russiýada-da şonuň ýaly. Ozalky wagtlar Injil diňe ruhanylarda bolýardy. Emma sowet häkimiýeti berkarar edilenden soň, olary satyn almak mümkin däldi. Meniň bagtymyň getirişi ýaly, her kimiňki şowly bolmaýar. Meniň tolgunmam artyp, aňry çägine ýetdi. Meniň maşynymda ýatan hazynany haçan Petrowa görkezip biljek pursatyma men garaşyp biljek däldim. Şol gije men onuň öýüne maşynly bardym. Ol ýerde hiç kimiň ýoklugyny anyklamak üçin, men köçäniň töweregine seredişdirdim. Köp Injilli gutularyň ilkinjisini men onuň öňüne eltdim. Olary men bu adama uzak ýyllaryň dowamynda getirip bererin. Petrow aýaly bilen meniň gutulary stoluň üstüne goýşumy synlaýardylar. Olaryň gözleri bilesigelijilikden doly uçganaklaýardy. «Bu näme?» — diýip, Petrow sorady. Men gutynyň gapagyny galdyrdym we Injilleriň ikisini çykardym hem-de birini Petrowyň sandyraýan eline berdim, beýeliksini bolsa, aýalyna berdim. «A gutularda näme bar?» — diýip, Petrow sorady. «Olarda-da Injil bar. Ýene-de maşynda köp». Petrow gözüni ýumdy. Onuň dodaklary sessiz gymyldaýardy. Ol özüni saklajak bolýardy. Ol gözüniň gabagynyň aşagyndan gözýaşlaryň monjuk ýaly ikisi elinde saklap duran kitabynyň üstüne damdy. Biz Petrow bilen derrew Bolgariýa boýunça uzak ýola rowana bolduk. Olaryň has zerurlyk çekýän, onuň bilýän şol ýygnaklaryna Injilleri gowşurýardyk. Haçan-da biz parfýumeriýa senagaty üçin ösdürilip ýetişdirilen bägül ekilen ajaýyp oba ýerinden barýarkak: «Näme üçin Injilleri hökümet ýaýratmagy gadagan edýärkä? — diýip, Petrow sorady. — Sebäbi Injiliň teksti köne ýazuwda çap edilýär. Olar şonuň bilen bilim ulgamynyň ösüşini saklaýar diýip hökümet hasap edýär. Adamlary gadymy ýazuwa we gepleşige daňýarlar. «Bolgariýada bar ýygnaklar täze düzgün bilen ylalaşmaýan hemme elementlerden arassalandy, — diýip ol düşündirdi. — Bolgar prawoslaw ybadathanasy — ýurduň döwlet ybadathanasydyr. Indi ol belli bir derejede hökümetiň guraly boldy. Häzirki patriarh (prawoslaw dininde iň ýokary derejeli ruhany) özüniň hemme çykyşlarynda düzgüni öwýär. Ol Hudaýyň Şalygyny näçe şöhratlandyrýan bolsa, şonça-da Bolgariýa Halk Respublikasyny şöhratlandyrýardy». Petrow: «Indi bizde hakykat ýüzünde ýygnaklary ikisi görnüşi bar. — diýdi, — Olary birinjisi — oýnatgy ýygnak. Ol döwletiň diyenini boýunça ýaşaýar. Ikinjisi bolsa — gizlin ýygnak. Siz şu gün agşam şeýle gizlin ýygnaklaryň birini görersiňiz». Bu meniň Bolgariýada Hudaýa ilkinji ybadat etmämdi. Biz, on iki adam, bile ýygnanmak üçin, bir sagatdan köpräk wagt ýitirdik. Sebäbi biziň hemmämiz bile gitmeli bolmadyk. Bu ýerde toparyň ýygnanyşýandygyna hiç kim şübhelenmez ýaly, biz bir-birden ýa-da iki-ikiden bölünip gitdik. Biz sekiziň ýarynda çykmalydyk. Biz özümiziň barmaly jaýymyzyň ýanyndan geçdik. Tötänlikde biz onuň içinde peýda bolduk, duýdansyzlykda biz bile üçünji gatda aýak çekdik, daş-töweregimize çaltlyk bilen seretdik we gapyny kakman içeri girdik. Wittedäki hepdäniň baş günlerini men derrew ýadyma saldym. Şonda ýaşaýjylaryň hemmesi ýygnaga okdurylyp barýardylar. Haçan-da biz gelenimizde, ol ýerde eýýäm sekiz adam bardy. Ýene ikisi sekize on bäş we bäş minut galanda gelip ýetişdiler. Otagyň içi örän garaňkydy. Petikden öçügsije ýekeje elektrik çyrasy sallanýardy. Penjireler bolsa, köçeden hiç zat görünmez ýaly agyr tutular bilen ýapylypdy. Äpişgä gabsa etmek üçin, belki bu adamlar örän garypdyrlar diýip, pikir etdim. Hiç kim geplemeýärdi. Her bir täze gelen adam stoluň başynda öz ýerine geçýärdi. Kellelerini aşak goýberip, ýygnagyň howpsuzlykda geçmegi üçin ýuwaşjadan dileg edýärdiler. Göni sagat sekizde Petrow ýerinden turdy we öz sözlerini meniň üçin terjime edip, ýuwaş ses bilen gürläp başlady. «Bize şu gün Gollandiýadan doganymyz sapar bilen geldi. Biz oňa örän minnetdardyrys, — diýip, pyşyrdap Petrow aýtdy. Men ondan Hudaýdan gelen ýüzlenmäni siz bilen paýlaşmagyny haýyş edýärin». Petrow oturdy, men bolsam, senanyň ýaňlanmagyna garaşdym. Bu gizlin ýygnakda aýdym aýtmak mümkin däldigine diňe soň düşünip galdym. Men ýigrimi minut gepledim, soň bolsa, Petrowa ümledim. Ol ýerinden çalasyn turdy we tolgunmakdan ýaňa titreýän elleri bilen özi bilen getiren haltajygynyň gatyny açdy we ondan Injili çykardy. Adamlar seresaplygy ýatdan çykaryp, begenç bilen seslenýärdiler. Emma soň ýuwaşadylar we agyzlaryny tutdular. Erkekler aýy ýaly bizi gujaklaýardylar, aýallar bolsa, maňlaýlary bilen biziň egnimize gysylýardylar. Adamlar Injili elden ele berýärdiler. Seresaplyk bilen onuň gatyny açýardylar we ony ýene-de ýapýardylar. Bu ýygnakda bir adam meni has gyzyklandyrdy. Biz bile näçe bolmaly bolsa, şonça-da bolduk we soňra dagadyk. Biz bir-birden we iki-ikiden bir sagadyň dowamynda belli aralygy saklap gidýärdik. Iň soňky bolup äpet adam aýaga galdy. Onuň sakgaly patriarhyňky ýalydy. Ol meniň şu wagta çenli görmedik güne garalan dörtburç ýüzli, mawy gözli iň mähriban, iň sada adamdy. Petrow maňa — bu Ybraýym diýdi. Ýygnakda Ybraýym az gepledi. Emma bu garryda çaga sadalygy we arassalygy bardy, ony sözsüz aňmak bolýardy. Ol Petrow ýaly gartaşan ýaşdady we eýýäm işlemeýärdi. Şoňa görä-de, olaryň ikisi hem birnäçe ýylyň dowamynda iki Injile eýe bolan ýygnagy gözleýärdiler. Olar şeýle ýygnak tapyp bilseler, onda olardan bir Injili sorap ýa-da satyn alyp, Injili ýok ýygnaga bermegi isleýärdiler. Petrow Ybraýymyň Rodop daglarynda çadyrda ýaşandygyny gürrüň berdi. Ol hepdede bäş dollara deň bolan döwlet pensiýasyny alýardy. Ol aýaly bilen şol pullara ýaşaýardy. Bir wagtlar onuň ýeri bolupdyr. Ol ondan özüniň «döwlete zyýan ýetirýän» işleri üçin mahrum bolupdyr. Petrow: «Siz onuň bilen görme-görüşe barmaly bolarsyňyz, — diýdi, — şonda siz adamyň Hudaýyň üçin nämäni gurban edip bilýändigini görersiňiz. Ybraýým aýaly bilen ýylyň köp wagtyny ýabany ir-iýmişler we miweler, örän azajyk çörek bilen oňup geçirýärler. Petrow garryny Ybraýym — äpetleriň ýeňijisi diýip atlandyrdy. Sebäbi ol hemişe özüniň «Golýatyny gözleýärdi, ýagny ol haýsy hem bolsa ýokary derejedäki partiýa agzasyna ýa-da goşun derejesindäkileri tapyp, olara şaýatlyk edip başlaýardy. Petrow: «Ybraýym hemişe täze Golýaty gözleýär, — diýdi, — ol ony tapýar. Ondan soň göreş başlanýar. Köplenç Golýat üstün çykýar we Ybraýym öz söweşini türmede tamamlaýar. Emma köplenç Ybraýym hem ýeňýär we şonda Mesihiň ýygnagyna täze bir ynanýan adam goşulýar». Ol gitmeginden ozal, men maşynyň ýanyna baryp, pälwanlaryň ýeňijisi bolan Ybraýyma bolgar dilindäki Injilleri getirdim. Ol olary näme etmelidigini bilýär. Ybraýym Injilleri çagany saklaýyşlary ýaly saklayardy. Ol maňa sag bolsun aýtmady. Emma onuň aýdanlary meniň göwnümden turdy. Haçan-da Petrow onuň sözlerini mana terjime edýärkä, onuň mawy gözleri meniň içimden geçip barýardy. «Dogan, frontuň çyzygy uzyn. Bu ýerde biz yza çekilýäris, soň bolsa, öňe gideris. Gollandiýadan gelen Andreý, şu gün biz birden öňe böküş etdik». Men hemme wagt Bolgariýa baranymda, örän kiçijik, hasaba alynmadyk gizlin ýygnaklara barýardym. «Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir». Bu buýruk berme gijelerine meni yzarlap, günüme goýmaýardy. Olar nähili batyrdylar, bu ýygnagyň galyndysy. Olar nähili ýekelikde bolsalar-da, özleri barada hiç hili pikir etmeýärdiler. Gullukçylaryň üçüsi has ýadymda galdy. Olar bilen men şu hepdelerde tanyşdym. — Konstantin, Armin we Wasil. Konstantin täze ynananlary suwa çündüreni üçin bir ýarym ýyl türmede oturdy. Olaryň ýigrimi bir ýaşy dolmandy. Ony ýaňy-ýakynda boşatdylar. Konstantin boşan gijesinden soň, şäheriň daşynda, derýada ýaşlaryň ýigrimi ýedisini gizlinlikde suwa çümdürendigini aýtdy. Armin öz ýygnagynda Isanyň doglan güni mynasybetli baýramçylygy bellänlerinde, gözegçilik edyän poliseýleriň gelendigini bilýärdi. Şoňa görä, ol çagalara wagyz etmeklik baradaky gadagançylyga gitmejek bolup jan edýärdi. Ol syýasatdan daşda durmak islegi bilen diňe uly adamlara ýüzlenýärdi. Emma ol belli bir pursatda arçanyň aşagynda oturan çagalara seretdi we olardan sorady: «Ýylyň şu döwründe biz näme üçin bir-birimize sowgat edýändigimizi siz bilýärmisiňiz? Sebäbi bu iň beýik Sowgady alamatlandyrýar». Onuň bu iki sözi üçin ony kazyýete çagyrdylar we ýygnaga gulluk etmegi gadagan etdiler. Wasil gizlin polisiýa bilen aragatnaşyk saklaýandygy üçin bellidi. Bir gezek dynçgüni Petrow meni oýnatgy ýygnagyň hereketini görmegim üçin öz ýygnagyna alyp bardy. Uruş döwründen bäri gelýänleriň sany günsaýyn azalýardy. Gulluk edilmezden ozal, Wasil bize bu barada arz edip, onsoň: özüniň ýüz keşbini üýtgetmän birden maňa şeýle teklip etdi: «Şu gün agşam şu ýerde ýygnak geçirmek isleýärmisiňiz?» Men öz gulagyma ynanmadym. Wagyz edijileriň rugsatsyz ýygnak geçirmeginiň gadagandygyny Wasil örän oňat bilýärdi. «Oňa näme boldy?» Men: «Bu barada dileg etmek» — diýdim. Gullugyň hemme wagty men joşgunly dileg etýärdim. Belkem, bu duzakdyr? Ol muny birden meni ýurtdan çykarmak üçin polisiýa bilen oýlap tapandyr? Nähili bolsa-da, meniň düşünjäme görä, men örän aýdyň jogap aldym. Ol mende jikme-jik ýaňlanýardy: «Git!» Ýygnak gutarmazyndan ozal, Wasil gatnaşýan adamlaryň kiçijik bölegine Gollandiýadan gelen doganymyzyň agşam ýörite gulluk geçirjekdigini bildirdi. Ol gulluga geljeklere öz dostlaryny alyp gelmeklerini teklip etdi. Şol agşam, haçan-da ýygnaga iki ýüze golaý adamyň gelendigini görüp, biziň hemmämiz geň galdyk. Ýygnak ajaýyp boldy. Ýygnagyň soňunda, haçan-da men adamlary toba etmäge çagyranymda, onlarça adam öňe çykdy. Şonda Wasil meni ýene geň galdyrdy. Şu agşam biziň ýene bir ýygnak geçirjekdigimizi habar berdi. Men Petrow ýaly begenýärdim. Emma bu adam bilen näme bolanyna biz düşünip bilmeýärdik. Onuň oýnatgy ýaramaz ady bardy. Şol agşam ýygnak urlup dykylan ýalydy. Keramatly Ruhuň bardygyny hemmeler duýýardy. Onlarça adam bahasyna garamazdan, Mesihiň yzy bilen gitmäge isleg bildirdiler. Indiki gün Wasil ýene-de hemmeleriň gelmegine çakylyk etdi. Başgüni agşam ýygnak üçin şeýle bir adam üýşdi, hatda adamlar geçelgelerde durdular. Emma bu gezek Wasil gelenleriň arasynda gizlin polisiýadan dostlarynyň gelenini gördi. Biz ýygnak geçirdik, emma adamlary öňe çagyryp durmadyk. Biz hatda ellerini galdyrmaklaryny hem soramadyk. Sebäbi olaryň atlary derrew ýazylar diýip gorkýardyk. Ýygnakdan soň, biz Petrow we Wasil bilen bilelikde ýygnandyk we indi näme etmelidigi barada pikir edip başladyk. Indi ýygnak geçirip bolmajaklygy mese-mälim görnüp durdy. Emma Wasile näme bolar? Ol jezalandyrylarmy? Onuň özi özüni alyp baryşyna düşünmeýärdi. Bu maňa aýdyňdy. Emma indi näme bolar? Polisiýa näme eder? Näme üçin Mesihiň Mukaddes Ruh arkaly başga çopana ýanaşman, hut Wasile ýanaşandygy wagt geçensoň düşnüki boldy. Sebäbi polisiýa hiç bir zat etjek bolup synanyşmady. Ne maňa, ne-de Petrow bilen Wasile hiç zat diýmediler. Wasil polisiýa gullukçylarynyň örän abraýlylarynyň biridi. Onuň nämedir bir zat edýändigine şübhelenmediler. Nähilidir bir zadyň düýbüni tutmaga esas bardy. Olar ony bir zatda aýyplap, şübhelenip biljek däldiler. Mümkin, Golland wagyzçysy gidenden soň ýalyn öz-özünden öçer diýip, olar pikir edendirler. Emma bu ýalyn men gidenimden soň hem öçmedi. Bu ýygnaga ozal wagtal-wagtal elli adam gatnaýan bolsa, indi dört ýüze golaý adam gelip başlady. Ahyrsoňy, hökümet ody öçürjek bolup synanyşdy. Wasil şol güýz operasiýa üçin Şweýsariýa gitdi. Ol bu operasiýany uzak wagtlap goýbolsun edýärdi. Emma haçan-da ol yzyna, öz watanyna dolanmak islände, ony goýbermediler. Onuň ýerine «has ynamly» täze ruhany bellendi. Üç ýyl işlän döwründe, ol bu ýalny üstünlikli öçürmegi başardy. Şoňa görä, ýygnaga gelýänleriň sany başdaky ýaly elli adama ýetdi. Emma ynamyny üýtgedenleriň üç ýüzüsi Köne Zagory taşladylar we bir wagtlar Ierusalim ýygnagynda bolşy ýaly, bütin Balkan ýarym adasyna ýaýradylar. Olaryň peýda bolan ýerlerinde täze ruhy ojaklar tutaşýardy. Elbetde, ol wagtlar biz yzynyň näme boljagyny doly göz öňüne getirip bilmeýärdik. Emma biz başdan Petrow bilen bir zada düşündik: bir ýygnagy hiç wagt oýnatgy diýip atlandyrmaly däl. Sebäbi, näçe ýaramaz, öli bolsa-da, näçe ýaramaz gulparaz bolsa-da, ol özüni hudaýsyz häkimiýetiň garaýşyna alyp bardy. Ol Taňrynyň adyny göterýär we onda Taňrynyň eli bar. Ol islän pursatynda ondaky hemme hapalary arassalap, Keramatly Ruh bilen üfläp, silkeläp bilýär. Bolgariýadan gitmezimden ozal, Petrow bilen biz Ybraýymy tapmak umydy bilen, Rodop daglaryna gitdik. Biz onuň çadyryny nireden gözlemelidigini göz öňüne getirip bilmeýärdik. Biz diňe obajygyň adyny bilýärdik. Ol onuň ýanynda ýaşaýardy. Edil şol obajygyň ýanynda ýol birden gutardy. Ol ýerde hiç-hili ýol-ýoda ýokdy we biz çykmaly bolduk. Biz artezian guýusynyň ýanynda ýaýdanyp durduk. Edil biziň üstümizden gözýetime çenli tokaý uzalyp gidýärdi. Bu akla sygmajak giňişlikde Ybraýymy nireden gözlejek? Guýynyň ýanynda nobata duranlar bilesigelijilik bilen bize seredýärdiler. Suw içýän birinji adam, göneldi we biz tarapa ýüzüni öwürdi. Bu Ybraýymyň özi bolmaly! Bizi goren badyna, onuň mawy gozleri günortanyň arassa dury gök asmany ýaly ýaldyrap başlady. Indiki sekuntda men bu äpet adamyň gujagynda peýda boldum. Sakgalyndan damýan buz ýaly suw meniň depämden aýagyma çenli damýardy. Duýdansyz duşuşyga Ybraýym bizden beter geň galdy. Sebäbi onuň sözlerine görä, ol oba çörek almak üçin diňe dört günden bir gezek gelýärdi. Ol guýynyň ýanyndaky daş diwardan alty sany ýasy çörek aldy we bizi daga äkitdi. Biz Petrow bilen garşy-garşy bu 75 ýaşly garrydan dem almak üçin durmagyny soraýardyk. Onuň bize gürrüň bermegine görä, sapardan dolanyp gelenine diňe bir hepde bolupdyr. Ol bu saparynda bolan wagty meniň getiren Injillerimi ýaýradypdyr. Adamlaryň olary nähili kabul edendikleri barada ol örän jikme-jik beýan etdi. Demi içine sygmaýan Petrow barjak ýerimize baran badymyza, onuň gürrüňini gaýtalap bermäge söz berdi. Ýolda ugranymyzy goşsak, gaýalaryň kert erňegine barmak üçin bize iki sagat gerek boldy. Onuň yzynda şemala egrelen sosna agaçlary diwar sypat ýokary galýardy. Biz geçi derisinden gurnalan çadyryň öňünde durduk, Ybraýym bu ýerde ýaşaýardy. Bu ýerde ol Mukaddes Kitapdaky Ybraýym ata has beter meňzeýärdi. Ol bizi özüniň ýaşaýan jaýyna çagyrdy, çadyrdan aýaly bir minutlyk çykdy. Olaryň dagdaky aýratynlykda ýaşaýan jaýlaryna günde myhman gelýän ýaly, ol şeýle görnüşdedi. Ol adamsyna garanyňda, örän kiçijikdi. Görmegeýdi, dikgijedi, derisi guran ýuka kagyz ýaly kiçijik aýaldy. Ýöne gözleri janlydy, mawydy, çaganyňky ýaly ynandyryjydy. Men bu aýaly synladym. Ol bir wagtlar gymmatbaha halylar, mebeller bilen bezelen, ýukajyk içki geýimleri bilen, ähtimal, hyzmatkärleri bolan jaýda ýaşandyr. Sebäbi onuň hossarlary örän gurply adamlar bolmaly. Men ömrümde hiç wagt şeýle hoşal ýüzi görmändim diýip pikir etdim. Ol bizi ownujak gök böwürslene meňzeş miweler, ýabany bal bilen hezzetledi. Biz örän azajyk iýdik. Sebäbi olarda ätiýaçlyk üçin zatlarynyň nähili derejededigini bilmeýärdik we örän tiz yzymyza ugramakçy bolduk. Çünki gije dagdan aşaklygyna düşmek isleýärdik. Tiz bakyş ýaly, sapar gysga boldy. Emma bu pursatda dostluk döredi. Ol meniň ömrümde daýançly gala boldy. Bolgariýa saparym meni galkyndyrdy we çuňňur söýgi bilen doldurdy. Şonuň bilen birlikde, göwnümde ajy çökgünlik galdyrdy. Haçan-da men Rumyniýa gitjek wagtym, Wasiliň ýygnagynda geçirilen ýygnaklara gatnaşan birnäçe adam, olaryň şäherlerinde hem şeýle sapary geçirmekligi menden haýyş etmäge geldiler. «Biz muňa köp ýyllap garaşdyk, bize netijesi parhsyz, — diýip, olar özelenýärdiler. Biz diňe Hudaýyň erkini ýerine ýetirmek isleýäris». Men bu mähirli söýýän ýüzlere seredip, «ýok» diýen jogaby bermeli boldum. Olar bilen men ýöräp biljek däldim. «Men on adam bolmak isleýärin, — diýip, men olara ýüzlendim, — her bir çagyryşa jogap bermek üçin, men on bölege bölünsem şat bolardym. Haçan-da bolsa, bir wagt men muny nähili etmelidiginiň tärini taparyn». On bäşinji bap BAGDAKY ŞITILHANA Maňa Rumyniýanyň serhedini geçmek üçin dört sagat wagt gerek boldy. Haçan-da men Dunaýyň beýleki tarapyndaky barlag nokadyna baranymda, öz-özüme: «Bäh, meniň bagtym geldi. Bary-ýogy bäş-on maşyn. Bu tiz» — diýdim. Kyrk minut geçenden soň, öňdäki ilkinji maşyny heniz hem barlaýardylar. «Ony beýle kän saklaýan bolsalar, onda nämedir bir zadyň bolmagy ähtimal. Biçäre ýaş ýigit» — diýip men pikir etdim. Ahyrsoňy, birinji maşyn ugrandan soň, ikinjiniň barlagy ýene uzalyp, ýarym sagada ýetdi. Men biynjalyk bolup başladym. Bu maşgalanyň alyp barýan hemme zady jikme-jik ýere ýazylyp goýuldy. Hatardaky hemme awtomobiller şunuň ýaly barlagdan geçirilýärdi. Dördünji barlag bir sagada çekdi. Gümrükçiler sürüjini jaýyň içine alyp gitdiler. Onuň ol ýerde bolan wagty, awtomobiliň tigirlerini aýyrdylar, motoryny sökdüler we oturgyçlaryny ýerinden süýşürdiler. «Mähriban Taňry, men näme etmeli?» — diýip, ýalbaryp rehim etmegini soradym. Her bir çynlakaý barlag rumyn Injillerini derrew aýan eder». «Eý Taňry, meniň nähilidir bir hili pyssy-pujurlygym serhedi geçmäge maňa kömek etmez, men ony bilýärin. Men has dogumlanyp, Senden gudrat soraýaryn. Birnäçe Injili çykaryp we olary görünýän ýerde goýmaga maňa rugsat ber. Şonda, Taňrym, men öz başarjaňlygyma daýanman, diňe Seniň ynamyňa bil baglaryn». Heniz iň soňky maşyn mazaly barlagdan geçýänçä, men birnäçe Injili gizlin ýerden çykardym we olary öz oturýan oturgyjymyň ýanynda goýdum. Meniň nobatym geldi. Men ýoluň çep tarapynda duran ofiseriň ýanyna maşynly bardym. Resminamalarymy gowşuryp, maşyndan çykmakçy boldum. Emma ol dyzy bilen maşynyň gapysyny diredi, şonuň üçin men maşynyň içinde galmaga mejbur boldum. Ol meniň pasportymdaky surata seretdi. Bir zatlar ýazyşdyrdy. Resminamalary meniň burnumyň aşagyna tarap uzatdy. Ugramaga rugsat berip, çalasyn elini galgatdy. Bularyň hemmesi otuz sekuntdan az wagt dowam etdi. Men motory işletdim we maşyny herekete getirdim. Belkäm, men bir çete çykmalydyryn. Ol ýerde olar meniň awtomobolimi böleklere bölüp seretjekdirler? Ýa-da… elbetde, ýok… men öňe geçdim, haýsy pursat bolsa-da, men tormoz bermäge taýýardym. Emma hiç bir zat bolmady. Men maşynyň yzky aýnasyna seretdim. Gümrükçi barlag üçin indiki maşyny çagyrýardy. Sürüjiniň maşyndan çykmagyny ümläp buýruk berýärdi. Men ýene birnäçe ýard geçdim. Gümrükçi maşynyň saklan maşynynyň gapylaryny açyşdyrýardy. Hemme zadyň yzda galandygyna şübhelenerden ol wagt men eýýäm ep-esli uzakdadym. Meniň ýüregim juda çalt urýardy. Serhedi geçmegim bilen bagly däl-de, Hudaýy iş wagtynda çalaja görendigim üçin tolgunýardym. Men bu sapara gitmekçi bolup taýýarlanýarkam, Bolgariýa bilen Rumyniýa meniň göz öňüne getirişime görä, biri-birinden az tapawutlanýardy. Emma, elbetde, bu döwletleriň düýpgöter tapawutlydygyny men indi bilýärin. Rumyniýa Demir gözenegiň aňyrsynda ýerleşýän döwletleriň arasynda «ateizmiň şitilhanasy» hökmünde bellidi. Ol Russiýa üçin özboluşly laboratoriýady. Bu ýerde dine garşy synaglar geçirilýärdi. Döwlet ýygnaklaryň üstünden berk gözeg edýärdi, Hudaýa ynanýanlara ykdysady basyş edilýärdi, dini ýolbaşçylarynyň arasynda närazylyk döretmäge ýykgyn edilýärdi, zatlary kadalaşdyrmaklyk geçirilýärdi, Hudaýa ynanýanlaryň sanyny azaltmak üçin çäreler görülýärdi, wagyzçylyk gadagan edilýärdi. Rumyniýada meniň nämeler bilen çaknyşjakdygymy öňünden maňa duýdurdylar. Serhedi geçip-geçmänkäm, men polisiýa gözegçiliginiň elhençdigini duýdum. Her bir obajykda polisiýa bölümi ýerleşýän ýaly duýulýardy. Polisiýa geýimindäki adamlar tigirli oba barýan her bir daýhany saklaýardylar. Haýsy maksat bilen, nirä barýandygyny soraýardylar. Hatda, men syýahatça, berk walýuta bilen syýahat edýäne, nirede bolsam-da, haçan men indiki barlag nokadynda bolmalydygymyň gününi bellik etmelik gerekdi. Klužadan elli millikdäki kiçijik owadan şäherjige gelenimde, eýýäm giçlikdi, ol ýerde gijäni geçirmek kararyna geldim. Şonda bu barlagyň nähili hakykata laýyk gelýändigine göz ýetirdim. Ýerli häkimiýetler meniň niýetime geň galdylar. «Emma, ser, — meniň syýahatçy üçin kartama seredip diýdiler, — siz agşama çenli Kluža barmaly. Eger-de howluksaňyz, siz ýene ýetişersiňiz». Haýsydyr bir ownuk zat üçin erbetçilik bolmagyny islemän, maňa näme tabşyrsalar, şony hem etdim. Men howlukdym we edil şol pursat, haçan-da myhmanhanadaky restoran ýapylýarka, Kluža geldim. Meniň stolum ir-iýmiş bilen doldurylypdy. Onda nobatçy naharlar durdy. Stakanda kiçijik golland baýdagy sömelip durdy. Şeýle bolsa-da, men şäheriň içinde maşynly erkana gezip bilýärdim. Dynçgünüdi. Ajaýyp baga meňzeýän bu ýeriň mesihileri bilen duşuşmak üçin bu gözgamaşdyryjy säherde men irden oýandym. Haçan-da men myhmanhananyň iş dolandyryjysyndan ýygnak barada soranymda, ol ikirjiňlenmek bilen maňa seretdi. «Bilýäňizmi, bizde olar azlyk edýär, onsoň hem siz biziň dilimizde gepläp bilmeýärsiňiz» — diýip, ol jogap berdi. «Emma siz şony bilmeýärsiňizmi, hemme mesihiler bir dilde gepleýärler?» — diýip, jogap berdim. «Aý ýoga? Bu nähili dil?» «Ol — agape diýlip atlandyrylýar». «Agape? Ol barada hiç wagt eşitmändim». «Şuny bilmeýäniňiz üçin haýpym gelýär. Bu dünýäde iň ajaýýp dil. Şeýle bolsa-da, men nädip ýygnaga barmaly?» Eger-de, Bolgariýada ýygnaga garşy esasy ýarag hökmünde hasaba alynma talap edilýän bolsa, onda Rumyniýada bu birleşdirmek diýlip atlandyrylýardy. Bu ähli dini ugurlaryň birleşigi. Ýygnak emläginiň birleşigi, Hudaýa gulluk etmek wagtynyň birleşigi bolmaly. Eger-de, ýygnakda gulluk edilýän wagtynda oturgyçlar boş bolsa, onda ybadat edilýän ýerler beýleki goňşular bilen birikdirilýärdi. Galan eýeçiligi bolsa, döwlet özüne alýardy. Nazarýetde bu göwnejaý görünýärdi, hatda ýygnak üçin hem peýdaly ýalydy: ybadat etmek üçin birnäçe kiçijik ýerleriň deregine, bir uly birleşme güzeran görmek üçin özbaşdak göreşýärdi. Emma tejribede şeýle ýagdaýda ýapylan ýygnaklarda ybadat edýänler ýygnaga gatnaşmagy düýbünden bes edýärdiler. Olaryň uly bölegi öz ozalky ýygnaklaryna bagly daýhanlardy we beýleki obalara ýörüş etmek olar üçin diýseň agyrdy. Her hepde ýygnaklaryň ikisini geçirmäge rugsat berilýärdi. Birini ruhgüni, beýlekisini bolsa, dynçgüni. Emma Rumyniýada ruhgüni doly iş günüdi. Ruhgüni agşamlaryna ýygnaga az adam gelýärdi. Şoňa görä, adamlar, esasan, ýeke-täk dynçgüni ybadat edýärdiler. Emma nähili ybadat edilişdi! Men säher wagty sagat onda geldim we ybadat edişiň eýýäm bir sagat gidip durandygyny anykladym. Ýer ýokdy. Emma meniň daşary ýurtludygymy adamlar gördüler we ýokarda oturmagymy haýyş etdiler. Meniň dyzlarym saz guraly bolan organa berk direlýärdi we indiki üç sagady men mesihiler topary bilen içki aýlawyň merkezinde oturyp geçirdim. Haçan-da sadaka üçin pul ýygnamak wagty gelende, men öýümizde goýan takmynan şonça puly rumyn walýutasy boýunça okaranyň üstüne goýdum. okarany ilkinji bolup maňa getirdiler we onuň düýbünde hemmeler meniň goýan pulumy gördüler. Sadaka üçin pul ýygnamak dowam edýärdi. Ýygnakdaky her bir adamdan ýigrimi ýa-da otuz esse köp goýandygyma men örän aljyramak bilen düşündim. Men başga-da birnäçe zada göz ýetirdim. Ynanýanlar çaltlyk bilen okara pul taşlap, ol ýerden bolsa gaýtargysyny alýardylar. Men diňe katolik we prawoslaw ybadathanalarynda bular ýaly zady görüpdim. Ol ýerde oturgyçda oturanyň üçin pul alýardylar. Meniň sadaka beren pulum bu adamlaryň köpüsiniň beren pulundan köp bolmaly. Belkäm, okarada goýan pullarym, bir adamyň ortaça bir aýlygyna barabardyr. Dasary ýurtly görünýän baý adamsy ýaly, men özümi birahat duýdum. Biz Wittede hemişe iň garyp maşgalada ýaşaýandygymyz ýadyma düşüp, men birden ýylgyrdym. Emma bolan zadyň iň erbedi, zal boýunça nobatçy senanyň soňunda, okarany eltmeli ýerine äkitmegiň deregine, maňa getirdi! Ol rumynça birnäçe soz aýdyp, okarany meniň elime berdi. Ahyrsoňy men düşundim. Ol maňa gaýtaryp almagymy teklip edýärdi. Şeýle edilmelidi. Men näme etmeli? Adata eglişik edip gaýtargy almalymy, ýa-da näme bolsa-da, ýygnaga pul bermelimi? Ýygnaga gelenleriň hemmesiniň gözleri men tarapa dikildi. Birden bu pullaryň asla meniňki däldigine guwanç bilen düşündim. «Bu meniň sowgadym däl, — diýip, nemesçe gepläp başladym, meniň bagtyma ybadat etmäge gelenleriň arasynda bir adam peýda boldy. Ol meniň aýdanlarymy terjime edip başlady. «Kracht Van Omhoogyň» okyjylarynyň sadaka berişleri yadyma düşdi. — Bu Gollandiýanyň ynaýanlaryndan Rumyniýanyň ynanýanlary üçin. Bu Mesihiň Bedenindäki birligiň alamaty». Men adamlaryň ýüzlerine seredip, ýene şol ynançsyz soragy görýärdim: diýmek biz ýeke däl? Beýleki ýurtlarda biziň doganlarymyz bar? Biziň dostlarymyz bar, olary biz ozal bilmeýärdik! Ahyrsoňy uzak ýygnak gutaransoň, nemes dilini bilýän adamyň ýanyna bardym we onuň bilen gürleşmek isleýändigimi aýtdym. Ol rumyn dini ugurlarynyň birinde kätip bolup işleýärdi. Ol meniň bilen ýekelikde gürleşmäge gaty bir isleg bildirmedi. Ol boýun gaçyryp jogap berýärdi. Haçan-da mümkinçilik döräninde bolsa, ol ötünç sorap gitdi. Aljyraňňy ýagdaýda men ýygnakdan ol adamyň yzy bilen çykdym. Özüniň agyr göwresine garamazdan, ol örän tiz uzaklaşýardy. «Belkäm, ol köpçülikde meniň bilen gepleşmek islemeýändir» — diýip pikir etdim. Men belli bir aralygy saklap, heniz hem onuň yzy bilen barýardym. Meniň bagtyma, ol hususy jaýa tarap sowuldy. «Meniň işim nähili şowuna boldy, — diýip, pikir etdim. Indi mende onuň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşmäge mümkinçilik bolar». Töwerekde hiç kimiň ýoklugyna göz ýetirenimden soň, köçede on bäş minutlap ykdym, soňra bardym-da, gapyny kakdym. Birnäçe wagtlap gapydaky deşijekden meni synladylar, soňra gapy çaltlyk bilen açyldy we meni jaýyň içine idirdikledip saldylar. «Siz name isleýärsiňiz?» — diýip, kätip sorady. Men dostluk ýylgyrmasy bilen geň galanymy bildirmejek bolup, onuň gödekligini ýatyrmaga synanyşdym. Men ýöne onuň bilen gürleşmek isleýändigimi aýtdym. Men oňa haýsy bolsa-da bir zatda kömek edip biljegimi soradym. «Kömek?» «Mysal üçin, ýogsa-da, Injil bilen. Sizde rumyn Injilleri ýeterlikmi?» Kätip maňa dikanlap seretdi: «Sizde rumyn Injilleri barmy? Siz olary serhetden geçirýärsiňizmi?» «Hawa mende Injil bar». Ol sözüne dyngy berdi. Soňra aýgytly seslendi: «Bize Injil gerek däl! Indi hiç wagt, hiç bir ýagdaýda meniň ýa-da beýleki ynanýanlaryň ýanyna gelmäň. Siz maňa düşünensiňiz diýip, umyt edýärin». Men bu şübhelenmäniň we gödekligiň içinden kömek baradaky gykylygy eşidýän ýaly boldum. «Siziň edaraňyzda siz bilen gürleşmek bolarmy? Bu howpsuz bolarmy?» «Gep howpsuzlykda däl, men ol barada aýtmadym». Soň ol sözüniň üstüne goşdy: «Eger-de siz ertir biziň edaramyza gelseňiz, ýolbaşçymyz bilen gürleşip bilmegiňiz üçin men kömek ederdim». Indiki gün men özüm bilen Injilleriň altysyny alyp, bu dini ugruň ýerleşýän jaýyna geldim. Kätip ol ýerdedi we aladaly görünýärdi. Maňlaýynda deriň düwmeleri peýda boldy. Ol elhenç bir zada garaşýan ýaly görünýärdi. Meniň başlygyň otagyna alyp geldiler. «Näme köme edip bilerin?» diýip, ol nemesçe sorady. Men onuň elinden tutup salamlaşdym we olara özümiň kömek edip biljekdigim hakynda aýtdym. Emma soň, kätip bilen bolan ozalky gürrüň ýadyma düşdi; öz mätäçlikleriňiz aç-açan boýun almaklygyň syýasy arz etmeklik bilen serhetleşdändigine düşündim. Şonuň üçin men ýurda mesihi hökmünde gelendigimi we rumyn ynanýanlarynyň adyndan öz watandaşlaryma nähili bolsa-da bir salamlary alyp barmagy isleýändigimi aýtdym. Ýolbaşçynyň ýüzi ýumşady. Bu howply däldi. Beýik Rumyn respublikasy halkynyň adyndan ezilýän golland halkyna salam sözi. Kätip ýylgyrdy we maňlaýyny oýkalamagyny bes etdi. «Siz oturmak isleýärsiňizmi?» — diýip, oturgyjy maňa süýşürdi. Biz sagadyň dörtden bir bölegini meniň name üçin gelendigimiň soraglarynyň töwereginden aýlanyp gürrüňdeş bolduk. Men bir ýerde pomidor gören bolsam, onda olaryň iň ulusy rumyn pomidory bolmalydygy hakynda, garpyzlar hakynda hem gürrüň etdik. Şeýle garpyzlary men bu ýurtda ilkinji gezek dadyp gördüm. Biz bu ýeriniň Gara deňziniň golaýy bolmagy sebäpli, oňaýly we ýumşak howasy barada gürrüň etdik. Biz gürrüňdeş bolýan wagtymyz, men otagy synladym. Meni bir zat geň galdyrdy. Hemme oturgyçlarda, stollarda we diwarlarda asylan suratlarda belgiler bardy. Bu tükelleýiş — barlag, goşlary hususy eýeçiliginde ulanmaz ýaly, elbetde gerek bolandyr, — diýip, pikir etdim. Biz howanyň we ýerli pomidorlaryň mowzugyny tamamlanymyzdan soň, gürrüňi tamamladyk. Uludan dem alyp, ýa-ha ikinji gezek gaýtadan ret etmäni alaryn, ýa-da bu iki zähresi ýarylan adam bilen hakyky aragatnaşygy ýola goýmaklygymyzň wagty gelendir diýen karara geldim. Men portfeli açdym we Injilleri çykardym. «Rugsat beriň maňa… ýok, men ony aýtmak islemedim. Golland halkyndan Rumyn halkyna bu Injilleri sowgat bermäge rugsat ediň». Meniň gürrüňdeşlerimiň ikisi hem tijendiler. Geň galmaly, kätip şeýle tizlikde ýene derläp başlady. Ýolbaşçy Injilleriň birini eline aldy. Ol göz açyp-ýumasy salymda tolgunan we begenen ýaly bolup göründi. Emma, ol razy bolmak islemeýärdi. Ol Injili çaltlyk bilen yzyna gaýdyp berdi. «Bize bu gerek däl. Biz, umuman, köp wagt eglendik. Meniň işim örän köp» — diýdi. Şeýlelik bilen, men hiç zatsyz gitdim. Kabulhananyň iş dolandyryjysy, hamala diýersiň, harby edarada işleýän ýaly, men otagdan çykan badyma, kärhana gelýänleriň sanawyndan meniň adymy derrew öçürdi. Kim bilýär, belkäm, ol gizlin polisiýa bilen aragatnaşyk saklaýandyr. Müdir bilen kätibi hüşgärlikleri we gorkylary üçin men nähili ýazgaraýyn. Özüm beýle ýagdaýda hiç wagt bolmandym. Şeýle bolsada, bu Rumyniýa barada ähli hakykat däl. Indiki hepde men şol yzarlanýan ýagdaýda ýaşaýan, emma Taňra umyt edýän we ynamyny saklaýan mesihiler bilen duşuşdym. Ýagdaýlar örän meňzeşdi we men olary deňeşdirip bilýärdim. Iki ýagdaýda-da protestant ugrunyň meşhur ýolbaşçysy bilen onuň otagynda duşuşyk bolupdy. Iki ýagdaýda-da menden başga iki adam bu duşuşyga gatnaşýardy. Bu deňeşdirme wajyp elementdi. Sebäbi mesihileriň arasyndaky şübhelenme ýygnagy ýuwaşlyk bilen ysgyndan düşürmäge ýardam edýärdi. Bu gezek hem tükelleýiş (inwentarizasiýa) belgileri gözüme ildi. Otagyň diwarlarynda suratlaryň üçüsi asylgydy. Olarda ýurduň prezidenti, kommunistik partiýanyň sekretary we görnükli suratçynyň galamynyň inçejik we ýogyn ýolunyň göçme manyly çeken suraty şekillendirilipdi. Gyzykly zat, tükelleýiş ýazgysynda bu surat nähili atlandyryldyka diýip, men pikir etdim. Ugruň ýolbaşçysy George içerik otaga giren badyna, meni biraz howsala saldy. Bu kiçijik, ysgynsyz adam çalt ýöremekden şeýle bir haşylaýardy, hatda ol birnäçe minut oňly dem alyp bilmedi. Haçan-da özüne gelenden soň, biz mesele bilen ýüzbe-ýüz bolduk: ol hem, kätip hem meniň bilýän dillerimde geplemeýärdiler. Men bolsa, rumynça bilmeýärdim. Belgilenilen suratlar garyp otagda asylgy we biz bir-birimize seredip otyrdyk we gürleşmäge bizde düýbünden mümkinçilik ýokdy. Şonda men käbir zatlary gördüm. Georgeniň stolunyň üstünde örän könelen Injil ýatyrdy. Ol yzygiderli ulanylandan soň, sahypalaryň burçlary sekiz dýuým çemesi sürtülip, harplar görünmeýärdi. «Eger-de biz Injiliň sözlerini ulanyp, gepleşmäge synanyşsak nähili bolarka?» — diýip, pikir etdim. Men penjegimiň jübüsinden golland Injilimi çykardym we açdym. Petrusyň Korintoslylara birinji hatyny açdym (16:20): «Doganlaryň bary size salam aýdýarlar. Bir-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň!» Ähli dil-de hem tanap bolýan kitabyň adyny, babyny we aýadyny olara görkezdim. Olaryň ýüzleri edil şol wagt ýagtylandy. Olar öz Mukaddes Kitaplaryndan çaltlyk bilen gerek sahypany tapdylar. Okadylar we ýylgyrdylar. Süleýmanyň tymsallary 25:25 «Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne jana sowuk suw kimindir». Indi biz eýýäm üç bolup gülýärdik. Men Pawlusyň Filimuna hatyny açdym. «Seniň Reb Isa bolan imanyňy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňi eşidip, Hudaýyma şükür edýärin. Seni dogalarymda elmydama ýatlaýaryn». Soňra Ýonuň nobaty geldi. Emma ol uzakdan gözlejek bolmady. Onuň gözleri setirleriň aşagyna çalt geçdi we ol barmagy bilen görkezip, Mukaddes Kitaby maňa itekledi. «Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi». Injiliň kömegi bilen biz bir-birimiz bilen gürleşip, gör, nähili ajaýyp ýarym sagady geçirdik! Biz gözümiz ýaşarýança gülüşdik, men gürrüňdeşligimiziň ahyrynda Rumyn Injillerini çykardym. Olary stoluň üstüne goýdum we elligimi galgadyp, ýüz keşbimi oýnadyp, Injilleri olara berýändigimi düşündirdim. Ýok (jübidäki ele we göterilen goşlara jogap edip), bu mugt sowgada şatlanyp, olaryň ikisi hem gaýta-gaýta meni gujaklaşýardylar. Edil şol gün, haçan-da ahyry terjimeçi tapylanyndan soň we biziň gürrüňimiz has aşak ýere düşen soň, biz ýol bilen ylalaşdyk. Hemme Injilleri men oňa bermelidim. Olary bu ýurtda nähili ýaýratmalydygyny ol oňat bilýärdi. Agşam men myhmanhana dolanyp gelenimde, meniň ýanyma iş dolandyryjy geldi. Ol: «Meni diňläň, men sözlükde «agape» sözüne seretdim — diýdi. — Beýle dil ýok. Bu ýöne grek sözi. Ol «Söýgi» sözüni aňladýar». Ahyrsoňy dil päsgelçiliginden üstün çykyldy. Indiki bir ýarym hepde oňat terjimeçi bilen George we Ýonuň görkezmelerinden ugur alyp, men maşynly Rumyniýada gezdim. Men dürli keýpdäki çendenaşa tukatlar, çendenaşa ruhlananlar bilen duşuşdym. Ruhdan düşenlere teselli bermeklik ýeňil bolýardy. «Biz näme edip bileris?» — bu ýeke-täk tebigy garaýyşdy. Köpler diňe bir zady — Rumyniýany hemişelik taşlamagy isleýärdiler. Emma nähili geň bolsa-da, mesihiniň yhlasy näçe köp bolsa — ol uly taýýarlyk bilen öz ýurdunda galýardy. Transilwaniýada biz şeýle maşgala bilen duşuşdyk. Bu mesihileriň guşçulyk fermasy bardy. Olar oňa eýeçilik edýärdi. Emma döwlet şeýle köp mukdarda önüm tabşyrmaga olary borçly edýärdi. Onça önümi öndürmäge olarda mümkinçilik ýokdy. Olar ýumurtgany bazardan kada ýetirjek bolup, üstüne goşup almaly bolýarlar. Bu ýyldan-ýyla geçýärdi, olaryň ykdysady ýagdaýy kyn bolýardy. «Näme üçin siz galdyňyz? Öz fermaňyz üçinmi?» — diýip men soradym. Fermer we onuň aýaly geň galdylar. «Elbetde, ýok, iş ýüzünde biz ferma eýeçilik edip bilmeýäris. Biz galýarys, sebäbi, — ol töweregine seretdi, — biz gitsek bularyň hemmesi üçin kim dileg eder?» Emma men şeýle-de güýçli ynama eýe bolmadyk mesihilere gabat gelýärdim. Maşyn geçýän ýoldan uzakda, uly bolmadyk ýygnakda ybadat edýänleriň arasynda syganlaryň bardygyny men bildim. Haçan-da biz eýýäm onuň ýanyna ýetip barýarkak, onuň bela-beterdedigini men gördüm. Howluda beýik ot ösýärdi, birnäçe penjire döwükdi, ýygnagyň arkasyndaky arylaryň öýjükleri goparylypdy. Biz terjimeçi bilen ýygnagyň jaýynyň aňyrsyndaky çopanyň ýaşaýan öýüne girdik. Öý eýesi ýokdy. Emma bizi onuň aýaly garşylady. Biz tiz wagtdan soň, şeýle bir süýji bal iýdik, hatda ondan meniň dişim agyrdy. Çopanyň aýaly äriniň öz işini merkezi hökümete görkezmek üçin, Buhareste gidendigini gürrüň berdi. Ýerli partiýa ýolbaşçysy ýygnagyň jaýynyň klub üçin gerek boljakdygyny aýdyp, konfiskasiýa edilmegini talap etdi. Ol öz adamsy bilen syganlaryň arasynda otuz ýyla golaý işledi. Men olaryň köpüsiniň kiçijik topar bolup gidýändiklerini gördüm. Olar hemişe öz arabalaryna münüp, ördekleriň çirkin seslerine arryk atlarynyň ýany bilen gidýärdiler. Ahyrsoňy hökümet olar üçin bir zat etmegi karar edip, ýokary töleg tölenýän iş hödürledi diýip çopanyň aýaly gürrüň berdi. Elbetde, ol adamsy bilen begendi, olar muňa adamsy bilen köp ýyl bäri garaşýardy, emma olara şert goýuldy: bu işe ýygnaga gidýän syganlary almaly däl. «Şonuň üçin biz atanaklaýyn oda düşdük, — diýip, çopanyň aýaly aýtdy. Adamlar ýygnakdan gidýärler. Biziň ybadat edýänlerimiz azalansoň, jaýy almak üçin partiýanyň bahanasy has köpeldi. Indiki ýyl biz bu ýerde eýýäm bolmarys diýip oýlaýaryn». Birden ol sessiz aglady, onuň diňe eginleri titreýärdi. Onuň bize beren gürrüňleriniň ýagdaýlary barada üç bolup dileg etmekligi men teklip etdim. Biz başymyzy egdik. Men onuň we adamsy üçin, syganlar üçin, bu kiçijik obadaky hemme umytsyz ýagdaýlar üçin dileg etdim. Haçan-da, biz kellämizi galdyranymyzda, onuň gözleri agydan ýaňa ýaşarypdy. Ol şeýle diýdi: «Düşünýäňizmi, Günbatarda adamlar biziň üçin dileg edýärler, men ony ozal bilýärdim. Emma köp ýyllaryň dowamynda biz olar barada hiç zat eşitmeýärdik. Biz olara hat ýazyp bilmeýärdik, otuz ýylda biz diňe bir hat aldyk. Bizi ýatdan çykardylar, hiç kim bizi ýatlamaýar, hiç kim biziň zerurlygymyz barada bilmeýär, hiç kim dileg etmeýär». Biz ine şeýle netijä geldik: men öýüme dolanyp baran badyma, olar barada köp adamlaryň biljekdigini we indi olar ýene agyr ýüki göterýän ýaly pikir etmeli däldiklerini men çyn ýürekden ynanýardym. Hoşlaşyk wagty gelip ýetdi. Meniň wizam gutardy. Emma hemme zatdan wajyby, Korri ýakyn wagtda çaga dogurmalydy. Rumyniýada men soňky sagatlary George we Ýon bilen geçirdim. Başgüni men gitmäge taýýarlanýardym. dynçgüni bolsa, men olara ybadat etmäge gitdim. Bu gullugy men köp wagtlap ýadymda sakladym. Men dokuzdan bire çenli geçirilýän ýygnaklara adat edinipdim. Emma bu ýygnak ir säher dokuzdan agşam bäşe çenli uzaldy. Ondan soň umumy nahar iýme guraldy. Ol gün George iň soňky wagyz-nesihaty okady. Ol örän hususy boldy: ol özüniň demgysmasy, onuň köp ýyllaryň dowamynda jebir çekdirýändigi barada gürrüň berdi. «Emma bilýäňizmi, — diýip, ol sözüni dowam etdirdi, — biz Injiliň kömegi bilen doganym Andreý bilen gürrüňdeş bolanymdan soň, diňe meniň ruhumda däl-de, eýsem tenimde hem bir üýtgeşiklik boldy. Şondan soň men ýeňil dem alyp başladym». Soňra George öz Injilini açdy. «Ýene bir aýat bar, doganym Andreý bilen ara alyp maslahatlaşasym gelýär, — diýip, terjimeçiniň üsti bilen aýtdy. — Injiliň Resullaryň Işleri (20:36-38) kitabyny aç, haýyş edýärin. Men ol ýeri tapdym. «Bu seniň bilen nähili ýagdaýda men hoşlaşýandygymy görkezýän bölek, — diýip, George Injilden okap başlady: “Ol muny aýdandan soň dyza çöküp, olaryň bary bilen birlikde dileg etdi. Şonda olaryň hemmesi köp agladylar, Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar. “Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz” diýen sözi olary has tykatlandyran zat boldy. Onsoň ony gämä barynça ýola saldylar”». Özümi Pawlus bilen deňeşdirýänini eşidip, men güldüm. Men: «Örän uly tapawut» — diýdim. Eger-de biz ilkinji mesihiler ýaly ynamda beýle güýçli bolmaýan bolsak-da, nähili bolsada, biz olaryň göreldesine eýerip bilýändiris. Iýgi-içgiden soň, men dyzymy epdim, ýene bir gezek hemmeler bilen dileg etdim. Şonda bu kommunistik dünýäsiniň merkezindäki mesihiler agladylar we meni gujaklap, kiçijik gökje «gämime» çenli ugratdylar. On altynjy bap GULLUK GIŇELÝÄR Iki aýdan köpräk wagt bolanymdan soň, ahyry men golland serhedinden geçdim. Men beýle eglenerin öýtmändim. Emma beýläk hem-de yza ýol geçmek üçin, uly aýlaw etmeli boldy. Men Wittä halys bolup, emma begençli giç agşam geldim. Basgançaklardan men sykylyklap uçup çykdym: «Korri, Korri, men dolanyp geldim!» Korri ýagtylykdan gözüni süzüp we guşjagaz ýaly jürküldäp, batly gapa tarap ýöneldi. Hawa, hemme zat ajaýyp. Tamyň ýokarsyndan öňküden beter ýagyş damýar. Maşgalada hemme zat ýerbe-ýer. Lukmanyň aýtmagyna görä, ol Oguz (iýun) aýynyň başynda dünýä iner, emma ilkinji çaganyň wagtyny kesgitli aýtmak hemişe kyn. «Sen dogrudan hem kofe islemeýärmiň?» Ýoppi 1959-njy ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň 4-de dünýä indi. Ol men ýaly ökde boldy. Kakamyň boluşy ýaly, men hem hemme wagt Korrriniň ýanynda boldum. Kakam öz çagalarynyň her biriniň dünýä inişini görüpdi. Oglum dünýä inenden soň, bize aýratyn jaýyň örän gerek bolandygy aýdyň boldy. Hä diýmän, Geltýeniň üçünji çagasy bolmalydy. Kornelius bolsa, aýaly bilen ilkinji çagasyna garaşýardy. Hatda golland ölçegi bilen biziň kiçijik jaýymyz beýle maşgala üçin dardy. Hemme mesele nireden gözlemelidiginde jemlenýärdi. Hatda 1959-njy ýylda Gollandiýada urşuň galyndysy heniz hem duýulýardy. Biziň kiçijik ýurdumyzda ýaşaýyş jaýy hemişe ýetmezçilik edýärdi. 1945-nji ýyldan soň, her bir kerpiç uruş döwründe ýumrulan ýa-da batan jaýlaryň dikeldişine gidýärdi. Wittäniň ilaty köpelse-de, otuzynjy ýyllaryň başyndan bäri biziň obamyzda bir täze jaý hem gurulmandy. Haýsy bolsa-da, bir jaýy kärendesine almak niýeti bilen, men burgomistriň kabulhanasyna bardym. Emma ol diňe kellesini ýaýkady. Ol: «Men seniň adyňy nobata duranlaryň sanawyna girizip bilerin — diýdi, — emma nobat soňky üç ýylda bir ädim hem öňe gymyldamady». «Aý, bolýar-da, bir zatdan başlamaly ahyry. Ser, bizi ýazyň». «Elbetde, eger-de sen jaý satyn alsaň, onda iş başgaça bolardy. Biz kärendesine jaý alýan nobata duranlaryň sanawyny ýöredýäris». «Maslahatyňyz üçin sag boluň, ser. Jaý satyn almak üçin men onça puly nireden alaýyn?» Burgomistr başyny atdy. Ol: «Onsoň hem, — diýdi, — bilşime görä satmaga goýlan jaýlar häzir ýok». Tomsuň gyzgalaňly döwrüdi. Biziň salgymyza iberilýän gülbentler, biziň kiçijik kümämiziň üstündäki otagy doldurdy. Ine, şonda biz bu ýagdaýdan çykmak üçin, Hudaýdan kömek diläp, çynlakaý dileg edip başladyk. Şunuň ýaly ýagdaý bütin bir hepde dowam etdi. Sekizinji gün ir säher mende bir pikir döredi. Men poçta tarap ugradym. Emma öýden çykanymdan soň, käbir zatlar ýadyma düşdi. Garry Wimiň öýünde ýaşaýan mugallym indi Harleýe göçýärdi. Diýmek, jaý boşan bolmaly. Emma biz ondan ýeňillik duýmadyk. Biz kärendesine almak üçin, iň soňky bolup nobata durduk. Şoňa garamazdan, meniň kelläme bu pikir geldi: şeýle endikde, birden we ygtyýarly bolmagy bilip başlanyma men haýran galdym. Nähili bolsada, çak etsek, bu pikir Hudaýa degişli. A birden Wim jaýy satmak islemese? Ol onda eýýäm köp ýyldan bäri ýaşamaýar. Emma, şol pursat men ýigrimi müň gulden barada pikir etmek hem islemeýärdim. Ol jaýyň bahasy şonça durýardy. Men ýöne oňa ädim ätjek we soň näme boljagyny görerin. Maksatnamalarymy ýadymdan çykaryp, men Wimiň fermasyna tarap okduryldym. Ol sygyr sagýardy. «Salam, Wim!» «Salam, Andreý!» Wim kellesini gyşardyp otyrdy. «Eşidişime görä, sen köp sapara gidýärsiň. Taňrynyň işi bilenmi»? «Hawa, ser». «Men saňa nähili kömek edip bilerin». «Ýakynda seniň jaýyň boşajakdygyny eşitdim. Sen ony satmak hyýalyň ýokmy?» Garry Wimiň şol pursat äňi aşak sallandy. «Nireden sen bilýärsiň? — diýip, ol sorady. — Ony men diňe öten agşam satmak kararyna geldim. Emma ol barada men hiç bir adam bilen gürrüň etmedim!» Men uludan demimi aldym we üstüne süründim: «Şeýle bolsa-da, ony maňa satmak islemeýärmiň?» Wim hiç bir söz diýmän, köp wagtlap maňa seretdi. «Bu jaý köp ýyllaryň dowamynda bize hyzmat etdi. Biziň maşgalamyzdan hiç kim galmady diýen ýaly, näme üçin, ol indi Taňrynyň işi üçin hyzmat etmeli däl — diýip, ol ahyrsoňy aýtdy. Ine şondan soň, ýüregimiň uran gürsüldisi bilen men Wimden onuň bahasyny soradym. «Aý bolýa-da — sen on müň töläp bilermiň?» — diýdi ol. Bu gezek men geň galdym. Meniň hasabym boýunça tölemeli puluň dogry ýarysyny sorady. «Bolýar, Wim. Ylalaşyga geldik. Men seniň jaýyňy on müň guldinge satyn alýaryn, — diýdim. Emma meniň jübimde bir şaý hem ýokdy. Öýümize dolanmazdan ozal, men Filip Uestra jaň etdim. Ozal hiç wagt men karzyna pul almaýardym. Emma indi meniň dogry edýändigim mese-mälim görünýärdi. Jenap Uestra puly derrew almak üçin özüniň ýanyna indiki gün edara gelmelidigimi aýtdy. Külbäniň üstündäki kiçijik otagymyza dolanyp gelýänçäm, biz eýýäm Korri bilen hakykatdan-da jaýyň eýesi bolduk. Biz ony derrew görmäge gitdik. Korri üçin öz öýünde ýaşamazlygynyň nämedigine, belkäm, men şol wagta çenli düşünen däldirin. Ol otagdan otaga ylgaýardy. Ýarym ýykylan jaýdan nähili öý ojagyny etjekdigini meýilnamalaşdyrýardy, göz öňüne getirýärdi. «Indi , Ýoppi şu ýerde ýaşar, seret, geýimler üçin bütin otag bar, bu ýerde bolsa, kir ýuwar ýaly kir ýuwulýan goýarys. Sen ýokardaky otagy gördüňmi? Ol ýerde seniň hat ýazýan stoluň ýerleşer». Ol ýanyp duran ýüzi, ýowurdap duran gözi bilen dynman jürküldeýärdi. Men ahyrsoňy, jaý edinendigimize göz ýetirdim. Indiki gün men Amstrdama gitdim we pul aldym. Jenap Uestra hiç bir şertsiz şol puly maňa berdi. Biz hiç bir kagyza gol çekmedik, gaýtaryp bermek barada gürrüň etmedik. Bu karz barada men hiç kime gürrüň bermedim. Soňky üç ýylyň dowamynda biziň zerurlygymyzdan has ýokary şeýle bir köp pul geldi, şoňa görä biz örän gysga wagtyň içinde bergimizi üzdük. Ýöne jaý üçin bergimizi beren badymyza we ýene goşmaça pul gerek bolýança, artykmaç pul gelmesini goýdy. Taňrynyň aladasynyň hiç wagt harlanmaýandygyna men bu ýyllarda düşündim. Ýarym ýykylan jaýyň häsiýetnamasy üçin golland dilinde oňat aňlatma bar. Korri ikimiziň göçüp gelen ýerimiz şoňa meňzeýärdi. Şonuň ýaly jaýa «Sandan çykan» diýilýär. Otaglaryň içine düşelen tagtalar aşak düşüpdir, suwalan ýerler gopupdyr, tamyň üsti çüýräpdir — bu betbagtçylyklaryň hemmesi bize tanyşdy.Şeýle bolsa-da, Korri ikimiz ony haladyk. Haçan-da biz abatlaýyş işlerini geçirenimizden soň, ol biziň üçin has mähriban boldy. Ýatyp boljak ýeke-täk gury otag — ol myhman otagydy. Biz şol ýerde ýaşap başladyk. Ýuwaş-ýuwaşdan timarlaýyş işlerini geçirip başladyk: diwarlary suwadyk, çüýrän tagtalary çalyşdyk we reňkledik. Elbetde, töwerege bag ekdik. Hemme işi biz özümiz ýerine ýetirýärdik, şoňa göräde, iş haýal gidýärdi. Indi bäş ýyldan soň, bu jaý düýbünden üýtgäp, başga görnüşe eýe boldy. Şonuň bilen birlikde, iş giňelýärdi. Ýoppiniň doglanynyň birinji ýyly maňa rugsat berlen ýurtlara ýene bir gezek bardym, birnäçesine bolsa ençeme gezek gitdim. Işiň möçberi köpeldigiçe, mesele-de köpelýärdi. Olaryň birinjisi hatlary saýlap almak boldy. Her gezek men öýe gaýdyp gelenimde, çekiç ýa-da reňk reňkleýän çotga almagyň deregine, men öz otagyma galýardym — Korri mamla eken. Hat ýazýan stol ol ýerde oňat ýerleşipdir, ol köne elde göterilýän hat ýazýan maşynkada iki barmagy bilen uly topbak goýlan hatlara jogap ýazyp, uzynly günini geçirýärdi. Men soňuna çenli ýetip bilmeýärdim. Sebäbi täzesini getirensoň, hemmesini täzeden başlamaly bolýardy. Ikinji mesele gizlin mesele bolýardy. Haçan-da, men adamlaryň arasyna baranymda we öz hakyky adymy aýdanymda, bu ýurda gelmek üçin men öz azatlygymy hem-de mümkinçiligimi howp astyna salmaýarynmy? Ahyrsoňy, men ugruny tapdym. Ol bir tarapdan häzire çenli hemme islegleri kanagatlandyrýar. Men doly adymy tutmaklygy bes etdim. Onuň ýerine bolsa, Demir perdäniň aňyrsynda mesihilere belli: «Andreý dogan» diýen at bilen özümi tanadyp başladym. Salgy almaly bolanda, şäherde ýaşaýan öz doganym Beniň poçta gutusyny kärendesine aldym. Bu salgy boýunça meniň adyma iş soraglary boýunça hat gelýärdi. (Brother Andrew, BOH 47, Ýermela Holland) Bu ylalaşyklydy: kimde-kim meniň adymy bilmek islese, bu maglumaty ýeňillik bilen alyp biljekdigini men bilýärdim. Emma meniň iň uly meseläm, sapara gitmegimdi, onuň bilen men hemişe ýüzbe-ýüz bolýardym. Sallah adam üçin syýahat — çagaly maşgalaly üçin bütinleý o diýen däl. Ýoppiniň durmuşynyň ilkinji ýylynda men sekiz aýlap öýde bolmadym. Ilkinji dişi, ilkinji sözi, birinji ädimi barada men eşitdim, emma görmedim. Ýoppi doglandan soň, jenap Ringers tizden meni täzeden fabrige işe çagyrdy. Onuň bize berjek aýlygy tanyşlaryňky ýaly göründi. Şol ýylyň özünde meni Gaaga ýygnagynyň çopany wezipesine hödürlediler. Bu iki gezek-de çynlakaý synag bolupdy. Emma men köp ýaýdanmadym. Haçan-da öýde galmak islegi has güýçli bolanda, hat gelýärdi. Kä wagtlar olar salgysyz bolýardy ýa-da köp hepdeläp ýolda saklanyp gelýärdi, köplenç halatda, onuň açylandygy görünýärdi. Ony Bolgariýadan ýa-da Wengriýadan, ýa-da Polşadan we beýleki ýurtlardan ynanýanlar iberýärdi. Bu hatlarda olar özleriniň täze betbagtçylyklara uçraýandyklary barada, durmuşlarynda dörän täze zerurlyklar barada gürrüň berýärdiler. Bu hatlarda näme ýazylsa-da, maňa hemişe has gerek bolan wagty gelýärdi. Şonda men täzeden çemodanymy geýimden doldurýardym we kommunistleriň höküm sürýän ýurtlaryna wiza almak üçin gidýärdim. Şeýle saparlarymyň birinde meniň kiçijik awtoulagymyň herekete getirijisi köp ýaşa diýip buýruk berdi. Bu Günbatar Germaniýada bolupdy. Men Günbatar Germaniýada we Polşada saparda bolup, öýe gaýdyp gelýärdim. Meniň bilen maşynda iki golland jahyly barýardy. Olary men Berlinde ýanyma aldym . Olar pesah baýramçylygynda dynç alyş wagty gaçgaklaryň lagerlerinde işleýän talyplardy. Bir gezek, gündiz sagat bäşde, maşynda birden bir hili şakyrdy eşidildi we onuň motory öçdi. Biz maşyny täzeden otlajak bolup synanyşdyk, emma netije bolmady. Soňra, men ýoluň gyrasynda edil maşynyň saklanaýjak ýeriniň ýanynda bejeriş işlerini geçirmek üçin çagyrylýan ýörite telefon awtomatyny gördüm. Men trubkany galdyrdym we tirkeg maşynynyň gelmegini soradym. Ýigrimi minutdan soň, maşyn bejeriş garažynyň hojaýyny bilen biz motoryň üstüne abanyp durduk. Ol sesini çykarman maşynyň hemme şaýlaryny barlap gördi. Soňra öňe geçdi-de spidometre (ýol ölçegini görkezýän gural) seretdi. «Togsan ýedi müň kilometr, — diýip, batly seslendi. Ol aladaly görnüşdedi. — Bu örän oňat ýol geçiş, ýöne siz örän erbet ýollarda süren bolmaga çemeli». Indi men onuň aladasyna düşündim. Men spidometriň bireýýäm iň ýokary 99,999 kilometr ýol geçendigini we täzeden noldan başlandygyny boýun aldym: indi ol ikinji gezek togsan dokuz müň kilometri görkezýärdi. «Şeýlelik bilen, maşyn özüne harç edilen pullary ödäpdir — diýip, hojaýyn eliniň ýagyny süpürişdirdi. — Bu motory çalyşmak gerek». «Täzesini oturtmak näçe wagt alar?» Ol hasaplamak üçin sägindi. Meniň toparym on minutdan soň başlap biler, olar size bir sagatdan täze motor goýarlar. Emma olaryň artyk işlänleri üçin tölemeli bolarsyňyz». «Men jemi näçe tölemeli bolaryn?» Bäş ýüz marka. Men ýaýdanman: «Bolýar. Men wokzala baryp walýutamy çalyşaýyn» — diýdim. Men wokzala barýan maşyna mündüm. Pulumy sanap gördüm we bäş ýüz marka puluň ýoklugyna men düşündim. Iki talyp bolsa, maňa kömek edip biljek däldi. Sebäbi tölemäge olarda pul bolmansoň, olar meniň bilen gidýärdiler. Belkäm, yzyma dolanmaly we haýyşy üýtgetmelidir? Ýok. Men bularyň hemmesinde Taňrynyň elini aýdyň görýärdim. Men edil telefon budkasynyň ýanynda aýak çekdim. Maşynyň motory haýsy bolsa-da başga bir ýerde döwülmän, awtoulagyň watanynda, hut Germaniýada döwüldi. Başga ýerde bolan bolsa, onuň dwigatelini çalyşmaga mümkinçilik bolmazdy. Gullugyň amaly tarapyna Mesihiň nähili eserdeň garaýandygyny men oňat bilýärdim we bu hemme alamatlara ýalňyş düşünip bilmeýärdim. Pul meselesi hem Onuň elindedi. Hemmesi Onuň wagtynda bolup geçdi. Men biynjalyk bolmaýardym. Bu meseläni Onuň nähili çözýändigine howlukýardym. Haçan-da, men soňky gulwingimi çalşanymdan soň, meniň jübimde nemes pullarynyň dört ýüz ýetmiş markasy hasaba deň boldy. Olaryň ellisini benzine we öýe — ýola goýmalydym. Aý bolýar-da, — yzyma dolanyp gelýärkäm, awtobusda näme-de bolsa, bir zat bolar öýtdüm. Emma awtobusda hiç zat bolmady. Men garaža dolanyp gelenimde, edil şol wagt işçileriň ikisi dwigateli ýerine goýmak işini gutaryp barýardylar, meniň iki ýolagçym bolsa, hiç ýerde görünmeýärdi. Edil şol pursat iki golland ýaş ýigit okdurylyp girdi; olaryň biriniň elinde bir zat saklanýardy: «Andi? Siz bilen düýbünden üýtgeşik bir zat boldy. Köçede biz ýöne barýardyk. Şol mahal bir aýal biziň ýanymyza geldi we siz gollandiýaly dälmi diýip sorady. Haçanda men oňa kanagatly jogap berenimde, ol maňa şu banknoty berdi. Ol Hudaý ony bize iberdi diýdi». Banknot elli marka bolmaly. Emma bu tejribä garamazdan — şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar günde diýen ýaly bolup geçýärdi. Hudaýyň näme bolsa-da meniň dilänimden hemişe maňa köp berýändigine men hiç öwrenişip bilmeýärdim. Men heniz hem, nähili bolsa-da, bir gudratyň goşulmagy meni haýsy bolsa-da bir erbetlikden halas eder diýip çak edýärdim. Atamyň ynamyna ýöne girmek üçin däl. Ol hemişe gereginden artyk berýär. Haçan-da men öýe dolanyp gelenimde, mende çykdaýjylaryň täze hasaplamalary peýda boldy. Olaryň iň ulusy — ikinji çagamyň bolany üçin bolmaly. Ýoppi eneden bolandan soň, ýene bir ýyldan biziň öýümizde Mark Peter peýda boldy. Biz eti az satyn alyp başladyk. Esasan biz öz mellegimizdäki bakja önümleri iýmegi oňat görýärdik. Emma bu meselä biziň garaýşymyzyň tüýs ýürekden ybaratdygyna biz düşünmeýärdik. Edil şoňa görä, biz öz durýan ornumyz bilen ylalaşdyk. Men bu ýalňyşlygy bir nätanyş aýalyň sözlerinden bildim. Bir gezek Ermeloda biziň poçta gutymyzdan men, takmynan, köp ýyllaryň derejesindäki örän uly sowgat tapdym. Çekiň gapdalynda sowgat berýäniň hatjagazy goýlupdy. Onda şeýle sözler bardy: «Mähriban Andreý, bu işe gitmeli däl! Bu siziň hususy zerurlygyňyz üçin bolmaly. Ony Mesihiň söýgüsi üçin ulanyň!» Bu sözler meni pikir etmäge mejbur etdi. Wagtal-wagtal biz öz dostlarymyzdan şahsy sowgatlar alýardyk. Emma düýpden nätanyş adam ilkinji gezek şeýle şert goýýardy. Ony topbak hatlaryň arasynda goýmagyň deregine, şu topbak hatlara men üç aýdan soň jogap bererdim, — men edil şol gün oňa minnetdarlyk hatyny ýolladym. Men onuň hatyna aýratyn minnetdarlygymy bildirýändigimi aýtdym. Sebäbi bu meselede biz örän seresapdyrys: eger olarda üýtgeşik belgi bolmasa, gurban etmek üçin berlen hemme zat iş üçin gidýär. Hatda öz geýimimi pul tygşytlamak üçin gaçgaklara iberilen haltalardan alýarys diýip ýazdym. Men bu hanymyň iberen hatyny saklap galmanym üçin gynanýaryn. Ol «Çünki işgär öz muzduna mynasypdyr» diýen sözlerden başlaýardy (Lk, 10:7). Hudaý öz hyzmat edijileri hakynda juda az alada edýärmikä? Belkäm, men özümi ynam edýändigimi tassyklaýaryn. Ýaşaýşym bolsa, meniň hususy tygşytlylygymyň zerurlygyny kanagatlandyryp biljek ýaly görünýär. Onuň hatynyň jemleýji bölümi ýadymda «Siziň maşgalaňyzyň näme zerurlygy bar bolsa-da we siziň gullugyňyza näme zerurlyk gerek bolsa, Hudaý iberer. Andreý dogan, ruhda berk bolan mesihi. Şoňa görä-de ýaşaň». Bu haty men uzak wagtlap dileg edip okadym. Belkäm, ol mamladyr? Belkäm, men dogrudan hem zerurlygyň mesihi däl häsiýetini göterýän şertlerinde ýaşaýandyryn. Takmynan şol wagt bizi Korri bilen nahara çagyrdylar. Ugramaly bolupdyk. Korri bolsa, heniz hem öýden çykmaýardy. Men ýokary öz otagymyza galdym we ony öýde geýinmeýän halatynda gördüm. Ol ýuwaşlyk bilen «meniň geýere zadym ýok» diýdi. «Aýallar hemişe şeýle diýýärler» — diýip, men güldüm. Emma, soň men onuň ýaşaran gözlerini gördüm. Sesimi çykarman, men onuň şkafyndaky geýimlerine seredip başladym. Onda diňe ýyly köýnekler bardy. Korriniň tertipliligi sebäpli, şeýle bolsada olar oňat görünýärdi. Emma näme üçindir, ol gaçgaklar üçin iberilen zatlardan özüne goýan geýimleriniň arasynda ýekeje-de geýim ýokdy. Aýallary begendirjek hiç zat ýokdy. Näme bolsa-da, munuň özi gedaýçylyk durmuşyna degişlidigine ony biz özümize kabul edýändigimize men birden düşündim. Biziň pul üpjünçiligimize garaýşymyz hopukdyryjy bolup görünýärdi. Biz jebir-jepa bilen özümizi hemme zatdan kesýärdik. Bu bolsa, Isanyň sahy ýüregi bilen hiç hili baglanyşmaýardy. Ol barada biz başgalara gürrüň berýärdik. Şoňa görä, biz öz garaýşymyzy üýtgetmekligiň kararyna geldik. Indi biz tygşytly ýaşamagymyzy dowam etdirýäris we hemişe şonuň ýaly bolar. Sebäbi bizi şeýle terbiýelediler. Başgaça biz ýaşap bilmeýäris. Emma şonuň bilen birlikde Hugaýyň bize sowgat berýän zatlaryna begenmegi öwrenýäris. Korri özüne birnäçe köýnek satyn aldy. Biz diwaryň bir bölegini ýykdyk. Indi Korri aşhana aýlaw edip barmaly bolanok. Haçan-da ikinjisinden soň, göni bir ýyldan biziň üçünji çagamyz Paul Denis dünýä indi. Biz dükana bardyk we oňa täze eşik aldyk. Biziň oglumyz ilkinji günlerini täze geýimde geçirendigine garamazdan, ol bir damja-da erbet bolmady. Gyzykly ýeri, ýönekeýje hakykata düşünmek üçin, bize näçe köp wagt gerek boldy. Hudaý, hakykatdan-da, biziň Atamyz, Ol bir wagtyň özünde gysgançlygy, şonuň ýaly-da açgözligi halamaýar. Bu oňat sapak boldy. Men diňe öz hususy durmuşyma däl, eýsem öz işime-de täzeçe seretdim. Birnäçe ýylyň dowamynda men ýeke özüm işledim. Bu bir ýylda segsen müň kilometr syýahaty we öýden uzak wagtky aralygy aňladýardy. Hudaýyň muňa ygtyýarynyň bardygyny hasaplap, men ony edýärdim. Emma işiň özi ýuwaş-ýuwaşdan ugursyz bolup başlady. Sebäbi men bu wagtyň özünde fiziki taýdan iki ýerde bolup bilmeýärdim. Bolgariýadaky adamlary men hiç wagt ýadymdan çykaryp bilmedim. Haçan-da, men ýurtdan gitjek bolýarkam, edil şol pursat olar ýene şäherlerine gelmegimi haýyş etdiler. Haçan-da, men ahyr soňy, bir ýyldan soň baranymda, ol ýerde köp zatlar üýtgäpdir. Olaryň pikirleriçe köp adamlaryň durmuşyny üýtgetmäge ukyply bolan ýygnanyşyk indi eýýäm mümkin däl. Emma, göz öňüne, diňe göz öňüne getiriň. Hamala mende kömekçi bar. Ol meniň bilen syýahat edýär. Göz öňüne getiriň. Biz iki ... üç... on adam! Biri beýlekiniň gidip bilmejek ýerlerine gidýär. Nobat boýunça gitmeli, nobat boýunça wagyz etmeli we hatda hat ýazmaly! Bu pikirler meni gije we gündiz yzarlap başlady. Bu aýratyn aragatnaşyk, aýratyn garaýyş bolmaly. Biz gurama bolman, eýsem beden bolmaly. Biz näçe resmi azlykda bolsak, şonçada oňat. Sebäbi, mysal edilen ýagdaýda biz bir-birimizi yzymyz bilen süýremeris. Biz erkeklerden we aýallardan düzülen ýeke täk topar bolarys — näme üçin bolup bilmeris? — Biz barmasak-da birleşip, ýygnakdan kowlyp zerurlyk çekýänlere umyt getirmelimi. Biziň her birimiz ilkinji ýol geçiji bolar, belki-de özüniň iş usulyny gizlinlikde saklar, diýmek bir-birimizi gaýtalamazlyk üçin we tanalmaz ýaly, ýeňil gözegçilikde bolarys. Haçan-da men Korrä öz arzuwymy aýdyp, pikir alşanymda, ol begençden ýaňa gygyrdy. «Andreý, ýürekden aýtsam, men, elbetde, muňa ak göwünlilik bilen garaýan. Biz dördümiz seni ýygy-ýygydan görüp bileris, sen oňa düşünýärmiň?» Ol şol wagt hem aýdanlaryna gynandy, emma men onuň sözlerini eşidenime begendim. Elbetde, meniň uzak wagtlap gidýän saparlarym maşgalamyzyň hemmesine agyr ýük bolýardy. Men köp aýlap öýde bolmamsoň Ýoppiniň, Mark Peteriň we Paul Denisiň nähili ösendiklerini görmedim ahyry. Elbetde, eger-de mende kömekçim bolan bolsa, onda men beýle uzak wagt eglenmeli bolmazdym. Emma men özüme gerek adamlary nähili tapmaly? Gürrüň meniň bilen hiç kimiň işlemezliginde däl. Aram-aram, hatda örän tizlikde gürrüň gutarandan soň gyzma ýaş adamlaryň üçüsi ýa-da dördüsi meniň ýanyma gelip: «Andreý dogan, biz seniň bilen Demir perdäniň aňyrsynda işlemek isleýäris. Hudaý-da bizi bu ýurtlarda Injili wagyz etmäge çagyrýar» diýýärdiler. Beýlekiler ak ýüreklidiler. Bularyň hemmesi gaty gowy. «Biz siziň çemodanyňyzy ýöne götermäge-de taýýar» — diýýärdiler. Emma men şeýle gürrüňleri dowam etdirmekligi isleýändigimi hiç wagt hem duýmaýardym. Mende serhedi geçmeklik üçin işlenip düzülen hiç hili düzgün ýokdy we başgalar bilen haýsy bolsa-da bir usul olaryň howpsuzlygyny üpjün eder ýaly men olar bilen paýlaşyp bilmeýärdim. Betbagtçylykdan gaçmak üçin maňa tejribäm we döredijiligim kömek etmeýärdi. Her bir säher, her bir saparda bolanda men doly suratda akyl ýetirip, özümi Hudaýyň eline tabşyrýardym. Nähili mümkinçilik bolsa-da, onuň erkine gabat gelmeýän hiç hili ädim ätmek islemeýärdim. Emma men ony başgalar üçin edip biljek däldim. Şoňa görä, men şolar ýaly meýillere düzgün boýunça: «Aý bolýar-da, biz Demir perdäniň aňyrsynda duşuşarys, bu mowzuk barada hökman has anyk doly gürleşeris» diýip jogap berýärdim. Soň men bu ýaş adamlary görmedim. Men bir gezek agşam Korrä: «bilýärmiň näme» — diýdim. «Eger, Hudaý islemese, biziň alyp barýan işimizi giňeltmek üçin, ol eýýäm adamlary taýýarlady. Emma, men olary nähili tapmaly?» «Dileg etmäge synanyş». Men güldüm. Bularyň hemmesinde hem Korri bardy. Hakykatdan-da, bir zatdan başga hemmesini etdim. Men gerek adamy tapmak üçin, Hudaýyň ýolbaşçylygyny soramadym we men edil duran ýerimde doga okadym. Edil şol wagt meniň hakydama onuň ady geldi. Hans Gruber. Men Hansa Awstriýada gabat geldim. Ol gaçgaklaryň lagerinde işleýärdi. Ol golland, alty fut we ýedi dýuým boýly äpet adamdy. Hatda şeýle daýaw boýy bolsa-da, ol juda tagaşyksyzdy. Onda alty tirsek, on barmak we köp sanly dyz görünýärdi. Ondan başga-da, ol nemesçe örän erbet gepleýärdi. Bularyň hemmesini aýratyn alanyňda Hansda gelşik diýen zat ýokdy. Şeýle bolsa-da, ol bütinleý içki ýekeligine geň galdyryjy erk edip bilýän örän gelşikli şahs bolup görünýärdi. Ol lageriň çäkleriniň haýsy bolsa-da, bir ýerinde durup, diňe sözüň kömegi bilen bäş ýüz adamyny dartgynlykda sagatma-sagat saklap bilýärdi. Bir gezek Hans çykyş edýän wagty, haçan-da ol nemesçe örän ýaramaz gürleýärkä, ýagyş ýagyp başlady. Emma, diňleýjileriň hiç birisi hem asmana seretmedi. Ol hatda ýetimler öýündäki bezzat çagalaryň hem dilini tapýardy. Biynjalyk çagalaryň iki ýüz kyrkysy lagere gelen her bir çykyş edýäniň başyna oýun getirýärdiler. Hans bilen bolsa, gözleri baglanan ýalydylar we soňra ele öwrenen guzujyklar ýaly bütin lageriň içinde onuň yzy bilen ýöreýärdiler. Şol agşamyň özünde men Hansa hat ýazdym. Ondan: «Demir perdäniň aňyrsynda wagyz ediji gullugyny geçirmek duýgusyna ymtylmaýarmyň» — diýip soradym. Gazetleriň hemmesi köp hepdeleriň dowamynda daşary ýurtly syýahatçylar üçin Russiýa gelmekligiň şertleriniň ýumşakdygy barada yzygiderli ýazýardylar. Indi daşary ýurtlular Sowetler ýurduna syýahat üçin ýol görkezijisi bolmazdan syýahat edip bilýärdiler. Bu täzeliklere men köp garaşdym! Kommunizmiň ýüreginiň içine girmäge wagt ýetdi. Tiz wagtdan Hansdan jogap geldi. Ol uly şatlykdady. Meniň teklibim onuň üçin gadymy pygamberligiň ýerine ýetirilişi ýalydy. Haçan-da ol altynjy synpda okaýarka, — soň ol okamagyny bes etdi, — ol ýygy-ýygydan Russiýanyň kartasyna seredýärdi we geň duýgyny başdan geçirýärdi. Ol edil ses eşidýän ýalydy, gaýgylanýardy: «Bir gün geler, haçan-da sen Meniň üçin bu ýurtda işlärsiň» «Şondan bäri wagt gelende men taýýar bolmak üçin rus dilini öwrenýärdim» — diýip, Hans ýazýardy. «Nemes dilini bilişim ýaly, indi men rus dilini oňat bilýärin. Haçan gideris?» Hansyň jogabyndan soň, meniň gullugymda örän wajyp döwür başlandy. Indi meniň işdeşim bar we bu ugurlaryň üsti bilen Mesih işiň möçberini iki esse köpeltdi. Emma sapara girmezden ozal birnäçe zat etmelidi. Ilkinji nobatda, bize täze maşyn gerekdi. Hatda biz motory çalyşsakda, bizde «folkswagen» ýolda döwülmez diýen ynam ýokdy. Eger daýaw Hansy alyp görsek, ol meniň kiçijik awtoulagyma nähili ýerleşer. Şoňa görä, biz täze furgon (araba görnüşdäki) «opel» satyn aldyk. Biz onda ýatyp bilýärdik, ondan başga-da, oňa Injilleriň gereginden artygy ýerleşýärdi. Emma iň çylşyrymly mesele — Hansa maşyn sürmegi öwretmekdi. «Men hiç wagt başarmaryn» — diýip ol hüňürdeýärdi. Hansa men müň gezek sepleniýa (maşyny ýöretjek bolanyňda basylýan pedal) basmalydygyny we tizlige geçirýän ryçagy nähili geçirmelidigini görkezenimde: «Men hiç wagt başarmaryn — diýip hüňürdeýärdi. Bilelikde işlemegiň aýratyn artkmaçlygynyň biri — gezegine awtoulag sürmek diýip men hasaplaýardym. Hans maşyn sürüp bilmeýärdi, emma oňa sürmegi öwretmek örän ýeňil bolar diýip, men hasap edýärdim. Okuwa başlanymyzdan alty sagat geçen soň, oňa örän köp wagtyň gerek boljakdygyna men düşündim. Gitmeli günümiz gelip ýetdi. Onuň bolsa, şahadatnamasy ýokdy. Emma Günbatar Ýewropanyň köp böleginde maşyn sürmegi öwrenýäniň ýanynda tejribeli sürüji bolsa, onsuz hem sürmek kyn bolýardy. Biz ugramaklygy karar etdik. Şeýlelik bilen, biz ýükümizi ýükledik. Men yzly-yzyna öz oglanjyklarymy gujakladym. Korrini ogşadym we biz ýola rowana bolduk. Uly ýüküň bolmagyna garamazdan, «Opel» ýeňil ýöreýärdi. Injiliň köplügine garamazdan, maşynda iki adam üçin hemme ýöriş düşekleri we aşhana enjamlary bardy. Ýüküň köp bolmagy sebäpli, maşyn azajyk çaýkanýardy. Biz serhedi geçmänkäk, Hansa amaly geçmek üçin mümkinçilik bermeli, diýip men pikir etdim. Şoňa görä, Germaniýada ruly men oňa berdim. Emma tiz wagtdam men ýene sürüjiniň ýerini eýeledim. Çünki yzymyzda maşynlaryň giden hatarynyň uzalyp gidendigini gördüm. «Hans, aý bolýar, ajaýyp. Sen maşyny biraz ýuwaş sürýärsiň, emma zyýany ýok, wagt geçdigiçe tejribe toplarsyň». «Men hiç wagt öwrenip bilmerin. Men bilýän». «Sen biderek zady aýdýarsyň, meniň ilkinji gezek rulda oturyşymy göran bolsadyň». Onuň göwnüni götermek üçin, men esgerlikde agyr Breni ýerinde goýşumy gürrüň berdim. Biz Berline çenli bütin ýoly gülüp geçirdik. Eger Hans tehnika erbet düşünýän bolsa, onda başga zatlara ol menden üstün çykýardy. Mysal üçin, batyrlykda. Berlinde duşuşan dostlarymyz Injilleri Sowet Soýuzynyň içine eltmek mümkinçiliginden uly şatlykdadylar. «Andreý! Biziň ýygnaklarymyzda rus Injilleri bar. Sen olary hem almak isleýärmiň?» Men biraz ýeňlenýärdim. Maşyn şeýle bir ýüklengidi, bu şübhe döredip biljekdi. Elbetde, alarys, diýdi Hans. Soňra ol maşyna tarap öwrüldi. Eger-de, Injilleri äkidýänligimiz sebäpli bizi tussag etseler, onda eýýäm olaryň sany beýle möhüm däldi. Şeýdip biz, ondan hem köp kitap doldurdyk. Haçan-da biz ugranymyzda, ýene birnäçe dostlarymyz geldi we Ukrain Injilleriniň uly gutusyny getirdiler. Men Hansa ýalbaryjy ýagdaýda seretdim. Emma, bu gutynyň hem biziň bilen gitmelidigine düşündim. Emma olary goýmaga dogrudan hem ýer ýokdy. «Ýagşy, — diýdi Hans. — Sen hemişe birnäçe Injili Hudaý görer ýaly ýerde goýaý diýip, gürrüň berýärdiň. Men bu Injili öz dyzymyň üstünde goýup äkitjek.» Biziň tranzit wizamyz Polşada ýetmiş iki sagat bolmaga mümkinçilik berýärdi. Meniň Warşawa alty ýyl ozal ilkinji saparymdan soň, bu ýerde köp zat üýtgäpdir. Biz mekdebiň ýanyndan geçdik, ol ýerde men ýaşadym we barakdaky esgerler bilen gürrüň geçirýärdim. Emma kiçijik gyzy gören ýerlerimdäki ýumrulan ýerler arassalanypdyr we olaryň ýerinde seýilgäh emele gelipdir. Men Warşawada Hansy dostlarym bilen tanyş edişim ýaly, şeýle hem bütin ýurduň beýleki şäherlerinde-de tanyşdyrýardym we üç güniň içinde hemmesini biz olar bilen duşuşykda bolduk. Soňra Polşanyň Russiýa bilen otuz mil serhedinde, men birden örän ýaramaz ýalňyşlyk goýberenimi bilip galdym. Warşawada gereginden artyk pul çalyşdym. «Sen meniň näme edenimi bilýärmiň, Hans. Men örän köp guldingi zlota çalyşdym?» «Ýok, Warşawa daşary ýurt walýutasyny alyp bolýan ýke-täk ýer. Egerde, biz yzymyza dolansak, onda biziň wizamyzyň möhleti geçer». Biz oba ýerlerinden barýardyk. Hans bolsa, ruluň başyndady. Eger öňünden başga maşynlar gelmeýän bolsa, ine diňe şonuň ýaly ýagdaýda ol maşyn sürmäge razylaşýardy. Şonda Polşada 1961-nji ýylda bu mümkindi. Men onuň ýanynda otyrdym. Bizde näçe puluň galandygyny bilmek üçin şeýle samsyklyk edenimi akla getirjek bolup synanyşýardym. Şol wagt birden howply zolaga golaýlaşýandygymyzy gördüm. Köpriniň üsti aýlaglydy we töwerekleýin aýlanýan ýol şaýolundan aşaklagyna eňaşak düşýardi, derýanyň üstünden geçýän berk bolmadyk wagtlaýyn köprini kesip geçýärdi we soňra birden ýokaryk — garşydaky kenara galýardy. Biziň öňümizden Polşanyň «Warşawasy» emedekläp barýardy. Hansyň bu ýagdaýa nähili garaýandygyny görmek üçin men oňa seretdim. Onuň maňlaýynda der emele geldi, ol sandyrap ruly saklaýardy. Emma onuň gözlerinde men edermenligi okadym, örän oňat! Birnäçe şeýle hyrsyz synag bolsa, ol ynam tapar diýip men pikirlendim. Hans şaýolundan öwrüldi we ýapaşaklygyna ýola düşdi. Meniň begenjime, ol maşyna erk edýärdi. Ol maşyny ne tiz, na-da ýuwaş sürýärdi. Özüniň adaty tizliginde sagatda 5 mil sürýärdi. Ol aşak düşdi we köpriniň üstüne bardy. Emma biziň öňümizden ýene bir maşyn barýardy. Hansyň tormoz bermek hyýalynda ýokdy. Men oňa örän giç düşündim. Kinoda örän haýal görkezilişi ýaly, ol rehimsiz «Warşawanyň» yzyna süsňäp urdy. Süriji maşyndan ylgap çykdy we nämedir bir zat diýip başlady. Onuň giň, ýasy slawýan ýüzi gyzardy, ol ýumruklaryny berk gysýardy. «Men onuň bilen gepleşýänçäm, sen dileg et» — diýdim. Men: «Ertiriň haýyrly bolsun, dost. Örän oňat gün, — diýip, nemsçe aýtdym. — Biz bilelikde awtoulagyň nämesiniň döwlenini bilmek üçin onuň ýanyna bardyk. Hansyň pyşdyl ýörişi sebäpli, uly zyýan bolmandyr, yzky çyralary döwlüpdir we ganaty egrelipdir. Biziň bamperimiz (urga niýetlenilen gural) we onuň ganaty ýemşerilipdir. Ol adam: «Polisiýa, Polisiýa, Polisiýa» — diýýärdi. Bu nemes sözüni ol oňat bilýärdi. Muňa ygtyýar bermek bolmaýar. Biz uly möçberdäki Injiller bilen kommunistik ýurtdadyk, Hans bolsa sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan, maşyn sürýärdi. Şonda polýak zlotalaryndan urulyp dykylan gapjygym meniň ýadyma düşdi. Belkide, şonuň üçin Hudaý bu samsyk çalşyga ýol berendir. «Aý bolýarda, — diýdim, — onuň bejeriş işleri näçä durýan bolsa, şonça-da öýtýärsiňiz?» Polýagyň ýüzi üýtgemedi. Polisiýa, polisiýa diýip gaýtalaýardy. Men maşynyň beýle erbet zaýalanmandygyny görkezip, döwlen çyralaryň deregine bölek çüýşäni teklip etdim. «Alty müň zlota?» Ol adam hemmesine oňat düşündi. Onuň ýumruklary açyldy, emma ol ýeke-täk sözi: «Polisiýa» diýip gaýtalamagyny dowam etdirýärdi. Sekiz müň zlota? On müň? Elbetde, bejeriş işleri dokuz müňden artyk boljak däldi. Elim bilen täsirli dramatiki hereketleri edip, men gapjygymy açdym we ondan ýene bir müňlik çykardym. «On müň zlota bu örän köp pul» — diýip, men oňa pul uzatdym. Ol olary aldy we maşynynyň ýanyna tiz ylgap gitdi. Soňra bolsa, egniniň üstünden: «Ýok, polisiýa» — diýip gygyrdy. Ol öz «Warşawa» maşynyny işletdi we bizi tozanyň içine garyp, ýola rowana boldy. «Dem alsam bolarmy»? — diýip Hans sorady. «Bolýar». Beýleki ýalňyşlykdan alyp çykmagy üçin, bir ýalňyşlygy etmekligimize ýol berendigi üçin biz Hudaýa minnetdarlyk aýtdyk. Biz Brestde serhedi geçdik. Derwezeler açylanda, Hans öz duýgularyny zordan saklaýardy. Ol gümrükçi emeldarlar bilen rusça gepleşmek üçin öz diýenini etdirjek bolýady. Onuň bir sözüne-de olaryň düşünýändiklerine men şübhelenýärin, emma onuň olaryň dilinde geplejek bolup yhlas edişi olara örän ýakymlydy. Biz daşary ýurt jahankeşdelerine ýol görkezijisiz girýän ilkinjileriň biri bolup hasaplanmaly. Biziň resminamalarymyzy we ýükimizi gözegçileriň özleriniň barlamagy gyzyklydy, biz özümiz bilen amerikan dollarlaryny getirenimizi olar halaýardy. Russiýa bilen ABŞ bir-birini öýkeledýärler, — diýip, bize gözüni gypyp, bir gümrükçi iňlisçe aýtdy. — Emma biz olary onuň üçin bagyşlaýarys». Ol dollarlary aldy. «Bir rubl bir dollara barabar. Bu örän oňat» Ahyr soňy maşynyň özüni barlamak wagty ýetdi. Biz Hans bilen nähili hereket etmelidigimiz barada öňünden şertleşipdik. Bu usuly biz haçanda serhetden bile geçenimizden soň hem peýdalandyk. Biziň birimiz barlagçy barlag bilen gümra bolýança, beýlekimiz Hudaýyň erkiniň berjaý bolmagy üçin dileg edýärdi. Ol şeýle-de serhetdäki ýolbaşçylardan başlap, biziň girýän ýurdumyz üçin dileg edýärdi. Bu gezek gümrükçi çemodanlaryň ikisini açmagy sorady, emma olaryň içine-de seretmedi. Onuň ýerine «Opeliň» motoryny görmek oňa örän gyzyklydy. Ol maňa birnäçe tehniki sorag berdi. Gelişmeýän bilesigelijiligi görkezeni üçin özüni howsalaly duýup, gapyny tarkyldadyp ýapdy. Ol biz bilen kiçijik bagyň arasyndan geçip, gümrükhananyň jaýyna bardy, pasportlarymyza möhür basdy we bize ak ýol arzuw etdi. Biz Russiýanyň serhedinden geçdik. On ýedinji bap RUSSIÝADAN ILKINJI TÄSIRLER Hans ilkinji gezek Russiýa düşdi. Emma, men bu ýerde bolupdym. Ol ýyl, haçan-da Mark Peter doglanda, Gollandiýanyň, Germaniýanyň we Daniýanyň topary bilen men Moskwanyň ýaşlar festiwalynda bolupdym. Bu Warşawada geçirilen kommunistik ýaşlaryň gurultaýyna çalym edýärdi. Moskwada biz bary-ýogy iki hepde bolduk. Elbetde, bu ýerde bolmagymyzyň meýilnamasy doly düzülipdi. Şeýle bolsa-da, synag hökmünde bu sapar diýseň gymmatly boldy. Käbir zatlar maňa has güýçli täsir etdi. Indi, haçan-da biz Hans bilen Russiýa sähralyklarynda gezip ýörkäk, men ýadyma salyp başladym. Bu wagtyň dowamynda, men geçen gezekki saparym baradaky ýatlamalarymy Hans bilen paýlaşdym. Meni ýerleşdiren myhmanhanalary, hakykatda, äpet kazarmany ýadyňa salýardy. Ol Moskwadan sekiz millikde şäheriň bir çetinde ýerleşýärdi. Ilkinji boş agşamymy men (şäherçä) oba ýygnagynyň gözleginde gezelenje çykdym. Bu rus Prawoslaw ybadathanasydy. Bir wagtlar ol obanyň merkezi bolmaly we ol ýeke-täk guýynyň öňünde durdy. Indi ol doly ýumrulan ýaly görünýärdi. Bir wagtlar bu ýerde ýodajyk bolan bolmaly, ony beýik otlar basypdyr. Penjirelerine tagtalar çüýlengidi. Onuň ýanynda birgiden gutular ýatyrdy, bu jaý ammar deregine ulanylýan ýalydy. Men ybadathananyň daşyna aýlandym we haç gözledim, emma tapmadym. Haçan-da men ony ikinji gezek aýlananymda, men gören zadymy hiç wagt ýadymdan çykarmaryn. Girelgäniň gapysynyň deşiginden kiçijik sary gülleriň çemeni görünýärdi! Ýakynragyna baranymda, men ýerde ýatan solan gülleriň ýüzlerçesini gördüm. Bu çemenler yzygiderli çalşylýan bolara çemeli. Men oba ybadathanasyna hormat goýmak üçin söýgi bilen gijelerine gizlinlikde ybadathana barýan doly gara geýimli oba aýalyny göz öňüne getirdim. Şol dynç güni men Moskwadaky işini dowam etdirýän ýeke-täk protestant ýygnagyna ýola rowana boldum. Golland habar beriş serişdelerinden çen tutsaň, kiçijik we ruhdan düşen ybadat edýänleri göz öňüne getirýärdim. Ilkibada men salga dogry baranyma şübhelendim. Daşynda uzyn hatara duran adamlar nämä garaşýardy? Men hem ynamsyz nobata durdum. Birden şonda meniň ýanyma bir adam geldi we nemesçe gepläp başlady. «Siz ybadathana geldiňizmi?» «Diýmek bu ybadathana-da?» «Hawa, elbetde. Meniň bilen gideliň. Daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite eýwan ätiýaçlykda goýlan. Ol ýerde meniň gözümiň öňünde ilkinji gezek bir görnüş peýda boldy, soňky ýyllarda men Moskwanyň protestant ybadathanasyna şeýle bir öwrenişdim. Zal darajykdy we uzyndy, gönüburçdy, iki gapdaly iki hatar eýwandy. On iki adam ýerleşer ýaly beýikde ýerleşýärdi. Şol ýerde hem ajaýyp organ saz guraly durdy, gündogar tarapyny bolsa, nagyşly aýnalar bezeýärdi. Onda meniň täze dostumyň terjimesinde «Hudaý — söýgüdir» diýen sözler ýazylgy. Ybadathana bir müň adama niýetlenendi, emma ol säher oňa gatnaşanlar iki müňden az däldi. Men ozal bir jaýyň içinde şeýle köp adamyň ýerleşenini bir gezek hem görmändim, hemme ýer hyryn-dykyn doludy. Adamlar hatda geçelgede durdular. Eýwanlar hem urulyp ýykylan ýalydy. Soňra aýdym başlandy. Slawýan sesleriniň iki müňüsi sazlaşykly labyz bilen seslenýärdi. Labyzly, doly sesli erkekleriň güýçli sesi organyň sesini basýardy. Men gözümi ýumdum, asman horuny eşitmeklik ýeňillik bilen göz öňüme geldi. Men şeýle bir tolgundym, hatda gözlerim ýaşardy. Haçan-da sadaka toplama gelende, zal boýunça nobatçylar köp adamly mähelläniň arasyndan geçip bilmeýärdiler, pullar bolsa, elden-ele geçirilýärdi. Pul ýygnalyşyndan soňra, wagyz ediş başlandy. Hawa, dogrudan hem, wagyz edişdi. Wagyz ikidi. Olaryň her biri, birek-biregiň yzyndan meňzeşlik dowamlylygydy. Wagyz okalýarka, wagza gelen agzalaryň birnäçesi özlerini bir tüýsli geň alyp barýardylar. Olar kagyzdan uçar ýasaýardylar we olary zalyň ilkinji hataryna uçuryp goýberýärdiler. Wagyz etmäge gelen aşakdakylaryň hem eline eýwandan goýberilýän uçarjyklar uçup gelýärdi. Emma beýle özlerini alyp baryşlaryndan hiç kim ynjalyksyzlanmaýardy. Kagyzlary oklaýardylar we öňdäkilere berýärdiler. Beýikde duran adam bolsa, olary tertipläp üýşürip goýýardy. Ahyrsoňy men çydap bilmän, ýoldaşyma tarap öwrüldim. «Bu dileg haýyşlary, — diýip ol maňa düşündirdi, — çopan olary iki topara bölýär. Birisi hususy dileg, beýlekisi bolsa, Soýuzyň hemme ýerinden gelýänleriňki, olar bu ýygnagyň özleri üçin dileg etmegini isleýärler, bularyň hemmesini siz görersiňiz». Dogrudan hem, ikinji çopan wagyz okamagyny gutaran badyna, ol turdy we dileg haýyşlarynyň birinji petdesini ýokary galdyrdy. Ol bu ýere öz wekillerini iberen ýygnaglaryň atlaryny okady we meniň terjimeçimiň sözlerine düşünişime görä: «Biz myhmanlarymyzy kabul edýändigimize şatmy?» diýip sorady. «Omyn!» «Biz olar üçin dileg ederismi?» «Omyn!» «A bu haýyşlar? — ol iki ýa-da üç sany husuly hatlary galdyrdy. — Bu mätäçlikler üçin dileg edeliňmi?» «Omyn!» «Onda geliň dileg edeliň». Hiç bir başga uzak gürrüňsiz, ýygnaga gelen iki müň adam bir wagtyň özünde güýçli ses bilen dileg edip başlady. Güwwüldili sesiň içinden haýsy bolsa-da, bir açyk ýalbaryjy ses batly ýaňlanýardy. Şonda beýlekiler seslerini has ýuwaş etdiler. Soňra gykylyk ýene güýçlenýärdi, ýene kimdir biri täzeden hemmeleriň oý-pikirlerini bildirip başlaýardy. Bu maňa örän güýçli täsir etdi. Ýygnakda ybadat etmek gutarandan soň, çopanlar ýaşlar festiwalynyň myhmanlary bilen aşakda — eýwanda duşuşmaga şatdyklaryny bildirip, bildiriş etdiler, ol ýerde olaryň soraglaryna jogap bermäge synanjakdyklaryny aýtdylar. Bu çagyryşa takmynan on iki adam seslendi. Soraglar çaltlyk bilen yzly-yzyna berilýärdi. «Ýakynda ýerleşýän beýleki protestant ýygnaklary köpmi?» «Golaýda barmy?» «Emma nähili ýakynda?» «Ýüz segsen kilometr». «Russiýada wyždan azatlygy barmy?» «Hawa, bizde doly azatlyk». «A türmä basylýan çopanlar barada nähili?» Ýurduň syýasaty bilen ylalaşmaýanlar bolaýmasa, biz olar ýalylary bilmeýäris. Soňra men öz soragymy berdim: «Injil barada nähili?» Sizde Injil ýeterlikmi?» «Bizde Injil köp». Subutnama üçin olar bir nusgasyny otagyň içinde aýladylar. «Bu Russiýada çap edilen, bu örän oňat neşir». Meniň üçin bu täzelikdi. «Sany näçe?» «Hä, uly. Örän uly». Soraglar jöwenek bolup ýagýardy. Soraglar we tekizje jogaplar, olar hiç bir zat aňlatmaýardy. Indiki gün birden tötänlikde çopany ýekelikde görerin diýen niýet bilen, ybadathananyň ýanyna bardym. Baş günüdi. Iş güni, hatda säher çagy bolsa-da, bu ýer şowhunlydy. Soňra, men ybadathananyň jaýynyň bütin Sowet Soýuzynyň baptistler birleşiginiň merkezi wekilhanasy bolup hyzmat edýändigini bildim. «Näme kömek edip bilerin?» — diýen sesi eşitdim. Men öwrüldim we onuň ýüzüni tanadym: ol geçen ýygnakda beýikde durup, soraglara jogap berýänleriň biridi. Ol özüni Iwanow diýip tanyşdyrdy we meni öz kabulhanasyna çagyrdy. Onuň düýnki habaryndan soň, men onuň bilen nähili gepleşjegimi bilmeýärdim. Belkäm, meniň Injilleri getirenimi göni aýtmalydyryn we onuň garaýşyna seretmelidirin. Men: «Bu Russiýa baptistlerine Gollandiýa baptistlerinden sowgat» — diýdim we goňur kagyza dolanan zady stoluň üstünde goýdum. «Bu näme?» «Injil» «Rus Injilimi?» «Britaniýanyň halkara Injil jemgyýetinden». Onuň kynlyk bilen asudalygyny saklaýyşy maňa aýan boldy. «Seredip görse bolarmy?» Men özüm bilen otluda getiren dolangy Injilimiň üçüsiniň ýüpüni çözdüm we olary oňa görkezdim. Gündogar Ýewropa Injiliniň hemmesi uly göwrümdedi. Rus elipbiýi, serbleriňki, ukrainleriňki, makedonlaryňky ýaly kirilisa esaslanan, olaryň göwrümi latyn elipbiýinden has köp ýer tutýar. Olar iňlis ýa-da golland Injiliniň on ýa-da on ikisiniň ýerini tutjakdy. Emma meni bu kiçijik sowgada çopanyň garaýşy has gyzyklandyrýardy. Onuň öz duýgusyny zordan saklaýandygy gös-göni görnüp durdy. «Siz, bu sowgat diýýäňizmi?» «Hawa.» Emma soňra özümi saklap bilmän, ondan çalaja öňürtlemek kararyna geldim. Sizde sowet neşiri bar diýip, siz aýtdyňyz ahyry. Belkäm, bu Injilleri men getirmeli däldirin?» «Aý, — çopan özüniň öň aýdan jogaplary ýadyna düşüp, — iş onda däl, bu neşir edilen Injiliň uly bölegi ýurdyň daşyna çykaryldy. Brýusel ýarmarkasyny bilýäňizmi?» — diýdi. «Düşnükli?» «Dost, aýdyň, siz näme üçin Russiýa geldiňiz?» Belkäm, ýiti pyçagyň üstünden ýörän adam üçin uly derejedäki Mukaddes Kitapdan jogap getirsem gelşikli bolar diýip pikir etdim. Men bir sekund pikirlendim, soňra bolsa: «Injilde aýdylýan şol ýer siziň ýadyňyzdamy? Onda Ýusubyň Şekeme gelşi barada aýdylýar. Şekemiň ýaşaýjylary ony görüp, oňa sorag berýär. Onuň aýdany Siziň ýadyňyzdamy?» Çopan pikirlendi: «Sen näme gözleýärsiň»? — diýip ol sorady. «Ýusup näme jogap berdi?» Ol: «Men öz doganlarymy gözleýärin» — diýdi. Men: «Ine şeýle — bu siziň soragyňyza meniň jogabym» — diýdim. On sekizinji bap RUSSIÝA SÖÝGI BILEN Hans uly dykgat bilen meniň ýatlamalarymy diňleýärdi, käwagtlar sorag berýärdi. Men gürrüňimi gutaranymdan soň, ol Taňra ýüzlenip, Onuň şöhratyny has artdyrmagy niýet edinip, öz gönümel we berjaý bolmak ynam dogasynyň birini okady, onda ol ýene Iwanowyň ýanyna äkitmegi sorady, sebäbi gatnaşyk etmek düzelipdi. Ol: «Meniň bir käse kofe içesim gelýär, meniň pikirimçe Andi, arakesme etmäge wagt ýetdi» — diýip, şözüniň üstune goşdy. «Meniň hem». Ol ýerde biz eýýäm bir awtomobiliň duranyny görmän, öňümizdäki gök aýmançanyň aňyrsynda açyk meýdany gördük we ol ýere bardyk. Onuň ýolagçylary oturylyşyk gurap, hezil edýärdiler. Biz maşyny duruzdyk we ondan düşdük. Ruslaryň özlerini alyp baryşlarynda dostluk söýgüsiniň düýbünden ýoklugy maňa göründi. Olar bize seredip, kanagatlanarsyz äheňde nämedir bir zatlar barada gürrüň edýärdiler. Erkek adam elini hereketlendirip, gaharly, ýarym käse çaýy otuň üstüne dökdi, iki aýal bolsa, sebede gaplary, ir-iýmişleri we iýilmän galan çörekleri ýygnap başladylar. Biz munuň nämedigine düşünjek bolup, heniz hem geň galýardyk, birden ýoluň garşy tarapynda tormozyň jygyldysyny eşitdik. Awtomaşynyň gapylary dürküldäp ýapyldy. Hakykatdan-da şo bada polisiýa geýimli iki adam biziň öňümizde dikilgazyk boldy. Olar ellerini bykynlarynda tutup, iki tarapa-da seredýärdier. Soňra bir ofiser bize tarap ugrady. Beýlekisi bolsa, ruslaryň maşynyna tarap ýöredi. Rusça gepleşmäge mümkinçilik tapansoň, Hans: «Ýagdaýlaryňyz nähili?» diýdi. Ofiser jogap bermedi, Hans bolsa tukatlandy. «Ýone ol meniň bilen gepleşmek islemeýär» — diýip, Hans bir käse kofäni elinde saklap, ondan ýüz öwrüp, göz-görtele arz etdi. Emma Hansy men oňat bilýärdim, onuň joşgunly dileg edýändigine men berk ynanýardym. Bu polisiýa hatda biziň maşynymyzyň içine-de seretmeli däldi. Biz ýene dileg edýärdik, ofiser birden öwrüldi-de beýleki maşynyň ýanyndaky öz ýoldaşyna goşuldy. Ol ýerde gyzgyn jedel gidýärdi, adamlar eginlerini gysýardylar, soňra bolsa, olar awtomobildäki ýükleri düşürip başlaýardylar. Bu pukara ruslar maşynda nämeleri bar bolsa hemmesini çykardylar we ýere ýazyp goýdular. Soňra polişeýler maşynyň motoryna, onuň içine, hatda ýaltanman maşynyň aşagyna seretdiler. Bu ýaramsyzlygyň bahanasy bolanymyza biz düşünýärdik, emma näme etjegimizi bilmeýärdik. Şoňa görä, öz kofämizi tä düýbünden sowaýança ýöne bulap oturdyk. Ýarym sagatdan soň, poliseýleriň biziň tarapymyza seretmek hem islemeýändiklerine göz ýetirip, biz ýuwaşlyk bilen ol ýerden gitmegi makul bildik. Şoňa görä, sowan we tagamy gaçan kofämizi içdik, kiçijik peji aýyrdyk, köpräk şakyrdy emele getirmek üçin, gapylary gürpüldedip ýapdyk. Emma ofiserler bize hiç hili üns bermeýärdiler. Biz ýuwaşlyk bilen tebigy haýatdan geçdik we şaýoluna dolanyp geldik, ol ýerde poliseý maşyny durdy. Haçan-da biz ýola çykanymyzda: «Näme boldy» — diýip Hans sorady. «Bilemok». Nähili bolsa-da, olar bizi bu adamlar bilen harytlarymyzy çalyşýan kontrabaçylar diýip çak etdiler. «Hans biziň geleňsizligimiz üçin olar bela-betere duçar bolmaz ýaly bu maşgala üçin dileg etmek gerek we öz goşlarymyzdan tizräk dynmak gerek». Moskwanyň şayollary örän giň görünýärdi. Olaryň bir hatarynda awtomobilleriň onusyna çenlisi ýöräp bilýärdi. Ýollarda maşynlar öňkülerden has köpdi. Biz äpet DUM-yň (Döwlet uniwersal dükany) ýanyndan, Gyzyl meýdançadan, Mawzoleýiň ýanyndan geçdik we ahyrsoňy biziň ýaşamaly ýerimize gelip ýetdik. Biz bu ýerde derrew çadyr gurduk we Injilleriň iň bolmanda birnäçesini çykarmaga taýýarlandyk. Hans: «Kelläňi galdyrma, bize seredýärler» — diýdi. Öwrülmän, men Moskwanyň kartasy bilen taýýarlanan kitaplaryň üstüni örtdüm. Soňra tötänden diýen ýaly öwrüldim we bir adamyň duranyny gördüm. Ol solak ýaşyl geýimdedi, ol maşynyň birnäçe ädim golaýynda durup, bize dykgat bilen seredýärdi. Men kofe taýýarlaýan guralymy çykardym we biz Hans bilen kofe taýýarlap başladyk. Biz Injilleri çykarmagy bes edenimizden soň, gözegçi derrew gitdi. «Ol näme üçin geldi, sen nähili piker edýäň?» — diýip, men Hansdan soradym. «Ol meniň göwnümden turmaýar. Injillerimiziň hemmesini biziň tizräk paýlaşdyrmagymyz gerek». Biz kitaplaryň birini aldyk, maşynyň gapylaryny ýapdyk we lagerden gitdik. Hoş günüdi, bu gün baptistleriň ýygnagynda gullugyň gidýändigini men bilýärdim. Biz ol ýere gitdik. Agşamky dileg ýygnagynda takmynan bir müň iki ýüz adam bardy! Iki ýyl mundan ozal ybadat edilişi ýaly, edil şonuň ýalydy, ýöne beýiklikde-de, zalda-da men Iwanowy görmedim. Ýygnak gutaranyndan soň, biz Hans bilen eýwana bardyk we ybadata gelenleriň arasynda gezelnç edip başladyk. Biz gymmat baha ýükümizi gowşurar ýaly adam gözleýärdik. Men Hudaýyň özüme mümkinçilik bermegini sorap, esasy girelgä bardym. Onuň ozal edişi ýaly, adamyny tanap, oňa ynam bolar ýaly adamlaryň ýüzlerine seredýärdim. Örän tizden men ony gördüm. Hor, ýaşy kyrkdan geçen, saçlary düşüp başlan adam märekä seredip, diwaryň ýanynda durdy. Onuň bilen mende gepleşmäge şeýle bir höwes bardy, hatda men tas Hansy ýadymdan çykarypdym. Emma mesihi doganlyk bir adamyň hereketleriniň beýlekiniň ylhamy bilen tassyklamaga kömek edýändir. Men äpet Hansyň meniň golaýyma gelerine garaşdym. «Bize gerek adamyny men tapdym» — diýip, men bir zat diýmegimden ozal, ol maňa habar berdi. Eýwanda duran ýüzlerçe adamyň arasynda, ol hem meniň saýlanymy saýlapdyr. Biz begenip we özümizi ýeňil duýup, ol adamyň ýanyna bardyk. «Siziň ýagdaýyňyz nähili?» — diýip, Hans sorady. «Siz nähili ýagdaýda?» — diýip, hüşgärligi elden bermän, erkek adam derrew jogap berdi. Hansyň biziň kimdigimizi we niredendigimizi gürrüň berýän mahaly ol adamyň ýuzi has beter üýtgäp, geň galýardy. Emma, haçan-da Hans «golland» sözüne ýetende, ol gülüp başlady. Ol özüniň nemesdigini, ikinji nesliň immigrantydygyny düşündirdi. Ol Sibirde ýaşaýardy we onuň maşgalasy öýlerinde nemesçe gürleşýärdi. Şu ýerde gürrüň gyzyklydy. Biz Hans bilen ony diňläp, öz gulaklarymyza ynanmaýardyk. Bu adam Moskwadan iki müň mil daşlykdan — Sibiriň kiçijik ýygnagyndan gelipdir. Olarda bir ýüz elli ynanýanlar bolup, bir Injilleri hem ýok eken. Bir gezek düýşünde oňa «Moskwa git, ol ýerden öz ýygnagyň üçin Injili taparsyň» diýip aýdypdyrlar. Ilki onuň gidesi gelmändir, sebäbi hemme ýerde bolşy ýaly, Moskwada-da Injiliň ýokdugyny bilýärdi. Şonuň bilen onuň taryhy gutarýardy. Biz Hans bilen bir-birimiziň ýüzümize seretdik. Sibirli dostumyz bilen täzeligi paýlaşmak üçin men oňa baş atdym. «Injili tapmak üçin, Siz gündogardan iki müň mil geçdim diýdiňiz, biz bolsa, Russiýanyň ýygnaklaryna Injilleri getirmek üçin iki müň mil günbatardan geçdik. Ine-de biz bir-birimizi tapyp, derrew duşuşdyk». Şu sözleri aýdyp, Hans özümiz bilen getiren uly rus Injilimizi oňa berdi. Sibirliniň dili tutuldy. Ol Injili uzadylgy ellerinde saklap, bir oňa, bir-de bize seredýärdi. Birden ol minnetdarlyk duýgusyna bäş gelip bilmän, bizi gujaklaýardy, şoňa görä, biziň daşymyzy mähelle gurşap aldy. Bu meni gynandyrdy, men ünsi özümize çekdirmejek bolýardym. Bu adama men pyşyrdap, beýleki täzelikleri gürrüň berdim, bizde ýene-de Injilleriň bardygyny, eger-de ertir sagat onda onuň bilen duşuşsak, onda ol öz ýygnagy üçin Injilleriň ýene birnäçesini alyp biljekdigini düşündirdim. Birden sibirli şübheli göründi. «Bu mugtmy?» Biz: «Elbetde — bu Mesihiň bedeniniň ýöne bir eli, ol beýleki zerurlygy doldurýar» — diýdik. Beýleki gün ir säher sagat dokuzda Hans sakçylyk edýärdi, men maşynda gizläp goýan ýerimizden Injilleri çykarýardym. Men işimi takmynan gutaran ýalydym, Hans Gollandiýanyň milli senasyna sygyryp başlady we men ýene ýaşyl geýimdäki biziň dostumyzyn gelenine düşündim. Uludan dem alyp, men ýene kofe taýýarlap başladym. «Kofe taýýar» — diýip, men Hansa gygyrdym. Ol geldi we buz ýaly kofäni meniň elimden aldy. «Ol dolanyp geldimi?» — diýip men soradym. «Edil düýnki ýaly bilesigeliji. Ol bir zada müňkür. Sen näçesini çykardyň?» «Dördüsini». «Aý bolýar-da, besdir. Bukja sal, gideli». Ýanyňda hususy Injili götermek jenaýat hasaplanmaýardy, emma Injili söwda çykarmagyň çynlakaý netijeleri bardy. Has beteri, gaçgak haryt bolan Injilleri! Şoňa görä, biz diňe dört kitaby bukjamyza salyp, awtobus duralgasyna ýöneldik. Säher irden sagat dokuzda biz ybadathana girdik we gapynyň ýanyndaky oturgyçda oturdyk. 10.30-da özümize üns berilýändigini duýup, aladalanyp başladyk. Soňra on bire on bäş minut galanda, biz: «Salam, dogan» diýlen sesi eşitdik. Men çalasyn yzyma öwrüldim. Emma bu sibirli adam däldi. Meniň ýanymda Iwanow çopan dyrdy. Мen onuň bilen geçen gezek Russiýa gelenimde duşuşypdym. «Siz birine garaşyarsyňyzmy?» — diýip Iwanow sorady. «Bir adama. Biz onuň bilen öten agşam görüşdik». Iwanow sesini çykarmady. Soňra: «Men şeýle hem pikir etdim. Mundan men has hem gorkýardym. Siziň sibirli dostuňyz gelip bilmez». — Gelip bilmez? Bu näme boldugy? Iwanow töweregine seretdi. «Dosatlar, her bir ýygnakda howpsuzlyk edarasynyň işgärleri zalda bolýarlar. Biz ol barada bilýäris. Olar düýn siziň gürrüňdeş bolanyňyzy gördüler, şoňa görä, indi ol gelip bilmez. Onuň bilen «gürleşdiler». Siz oňa bir zat getirdiňizmi?» Men Hansa seretdim. Iwanowa ynanyp bolarmyka? Hans egnini gysdy we soňra çalaja baş atdy. Men gysgaça: «Hawa, dört Injil şu bukjalarda» diýdim. «Olary maňa goýuň, men olary oňa gowşuraryn». Biz Hans bilen ýene-de bir-birimize seredişdik. Emma ahyrsoňy gazete dolangy Injilleri bukjalardan çykaryp, Iwanowa berdik. Soňra Taňrydan kömek sorap, men soňuna çenli gitdim. Başga çykalga ýoga meňzeýärdi. «Biz kimdir biri bilen gürleşip bilerismi?» — diýip, men soradym. «Gürleşip?» «Hawa, dogrumy aýtsam, bizde ýene Injiller bar». Iwanowyň demi tutuldy. «Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz? Ýuwaşlyk bilen gepläň. Sizde näçe Injil bar?» «Ýüzden köpräk». «Olar lagerde maşynda». Iwanow bir minut pikire batdy. Soňra sessiz-üýnsüz bizi uzyn koridor bilen alyp gitdi. Haçan-da biz burçdan öwrülenimizde, ol birden durdy. Injilleri ýere goýdy we elleriniň aýalaryny aşaklygyna uzatdy. «Meniň dyrnaklarymy görýäňizmi?» — diýip ol sorady. Biz onuň kökünden zaýalanan, gyşaran ýogyn dyrnaklaryna dykgat bilen seretdik. «Men öz ynamym üçin türmede ýatdym» — diýip, Iwanow aýtdy. Bu adamyň ýaşlar konferensiýasynyň delegatlaryna: «Russiýada Hudaýa ynanýanlar yzarlanmaýardylar!» — diýeni meniň ýadyma düşdi. «Men sizden ýaşyrmaýyn, özümi howp astyna aldyrasym gelenok. Men siziň Injilleriňize kömek edip biljek däl». Bu adama meniň haýpym geldi. «Men bilýärin, biz sizi günälämizok» — diýdim. «Belkäm siz kimdir biriniň bu işe goşulmak isleýänini bilýänsiňiz?» «Markow, — diýip Iwanow sözüni dowam etdirdi, — ol kimdir-biriniň maşynyny alar ýaly men onuň bilen gürleşeýin. Ol göni sagat birde DUD-yň (GUM-yň) ýanynda siz bilen duşuşar. Soňra: «Örän hatyrjem boluň» — diýip, sözüniň üstüne goşdy. «Bulary näme etmeli?» — Hans ýerde ýatan bir top kitaby görkezdi. Siz ylalaşyp, bulary almaga töwekgellik etmeýäňizmi?» Iwanow ýylgyrdy, emma gözleri hasratly görnüşde galypdy. «Dört Injil. Bu örän düýpli ykdysady jenaýatçylyk däl. Olaryň bahasy dört ýüz rubl. Dört ýüz rubla näçe otursa bolar? Köp bolsa dört aý. Eger dört ýüz Injil bolsa? Bu ýerde, Moskwada on müň rubla golaý bolar, merkezden uzak ýerde bolsa, ondan hem köp bolar. On müň rubl — bu pornografiýa (bihaýaçylygy beýan edýän zat) edebiýaty. Onuň üçin adam, mümkin…». «Bihaýaçylygy beýan edýän zat? — diýip, biz Hans bilen gygyrdyk. Bihaýaçylygy beýan edýän zat bärde näme işlesin?» «Hiç zat, eger-de bu edebiýaty ýaýradanyňyz üçin sizi tutsalar, size jenaýat iş gozgalar» diýip, Iwanow aýtdy. Edil bir ýerden habar gelen ýaly, ol çaltlyk bilen köwşüniň ökjesinde pyrlandy, ýerden kitaplary çaltlyk bilen aldy we gözden ýitdi. Edil şol gün biz sagat birde DUD-yň (GUM) ýanynda durduk. Bizden ýüz ýard aralykda duran maşyndan bir adam çykdy, ol duşumyzdan geçip, bize seretdi. Soňra ol yzyna dolandy. «Andreý dogan?» «Siz Markowmy? — diýip, men soradym. «Size Taňrynyň adyndan salam». Markow: «Häzir biz adatdan daşary bir zat ederis, — diýip, çaltlyk bilen aýtdy, — biz Injilleri Gyzyl meýdançadan iki minutlyk aralykdan başga bir ýere geçireris. Şonuň ýaly ýerde bize hiç kim şübhelenmez. Bu ajaýyp pikir». Bu doganyň menden uçursyz zehinli bolmagy ähtimal. Onuň pikirini men düýbünden halamaýardym. Biz onuň yzyndan gitdik, ol köçe edil Gyzyl meýdançanyň ýanynda ýerleşýärdi. Bir tarapda tekiz diwar beýgelýärdi, beýleki tarapda bolsa, ýaşaýyş jaýlar durdy. Bilesigeliji gözler haýsy penjireden bizi göreýin diýse, görüp bilýärdi. Markow maşynynyň yzynda durdy. Men Hansa: «Sen dileg et» — diýdim. Hans dileg edip başlady, men bolsa, gutulary we Injilli haltalary çykaryşdyrdym. Markow öz maşynynyň yzky gapysyny açdy we biz gizlenmän, köp adamlaryň gözleriniň öňünde hemme kitaplary başga maşyna ýükledik. Haçan-da biz gutaranymyzda, Markow çaltlyk bilen biziň elimizi gysdy, maşynyna mündi we motoryny işletdi. «Indiki hepdede bu Injiller bütin Russiýanyň ýygnak çopanlarynda bolar» — diýdi. Markow gidensoň, men Hansa seretdim. Ol heniz hem dileg edýärdi, emma ýylgyrýardy. Şunuň bilen biziň wezipämiziň bu bölegi tamamlandy. Bizde diňe ukrain Injilleriň bir gutusy galypdy we ýaşyl geýimdäki biziň içalymyz gözüni mölerdip, göwnünde näme beslän bolsa, bize näçe seredesi gelse seredibersin. Biziň maşynymyzyň içi bir eýýäm boşapdy. Biz Ukrainanyň üsti bilen öýümize dolanyp barýardyk we ukrain Injilleriniň soňkylaryny özümiz paýlaşdyrýardyk. Şeýle duralgalaryň birinde, meni şeýle pikir gurşap aldy. Ol soňky üç ýylyň dowamynda meniň üznüksiz arzuwym boldy. Edil şol ýerde, Ukrainada, haçanda bizde Injilleriň ikisi galanda, bize öz maşgalasynyň hazynasyny — jübüde göterilýän ukrain Injili görkezmäge bir ynanýan adam geldi. Ellerimde men kiçijik tomjagazy saklaýardym we öz gözlerime ynanmaýardym. Hawa diýip, ol adam meniň bilen ylalaşdy. Bu Injili özümiz bilen getiren Injilleriň dörtden bir bölek möçberini tutýardy. Men ýukajyk sahypalary agdaryşdyrýardym, kiçijik, emma örän dury harplary görüp, geň galyardym. Her bir söz oňat görünýärdi we ýeňil okalýardy. Bu adama men yzly-yzyna sorag berdim, kitap nirede çap edildi, ony kim neşir etdi, olar ony nireden satyn alypdyrlar, emma ol maňa hiç zat diýip bilmeýärdi. Men bu kitapdan aýrylyşyp bilmeýärdim. Onuň agramyny men elimde çekip görýärdim, jübime salýardym. Çykarýardym we öz Injillerimiz bilen deňeşdirýärdim. Emma her gezek gelenimizde biz olar ýaly Injilleriň üç, dört nusgasyny getirip biljek ahyryn, olary bu ýerde, Russiýada köp gezek eýläk-beýläk geçirmek we gizlemek oňaýly boljak. Eger-de şeýle Injilleri ukrain dilinde çap edip bolýan bolsa, diýmek onda olary rus we beýleki gündogar-ýewropa ýurtlarynyň dillerinde hem çap edip boljak eken. Injiliň eýesi muňa meniň nähili gyzyklanandygymy görüp, ol maňa teklip etdi. Belkäm biz, bu kiçijik Injili bizde galan iki ulusyna çalyşmak islegimiz bardyr? Ine, şonda onuň ýygnagynda goşmaça Injil peýda bolar. Meniň beýik begenjime, ybadata gelenleriň hemme agzalary ylalaşdylar we men jübi arzuwyna ýetip, bu şäherden ugradym. Günbatar Injil jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşmaga men uly sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Russiýada biz iň soňky dynçgüni wengerleriň serhedinden uzakda bolmadyk ukrain obasyndaky baptistleriň ýygnagyna bardyk. Aýdym diýseň tolgundyryjydy, dilegler bolsa joşgunlydy. Emma haçanda ybadat etmegiň wagty gelende, çopan geň galmaly zat etdi. Ol kafedradan düşdi we ybadata gelenleriň birinden Injili aldy. Biz Russiýada Injilsiz gulluk edýänleriň bardygyny eşidipdik. Emma ony biz öz gözlerimiz bilen ilkinji gezek görýärdik. Gulluk gutarandan soň, ýygnagyň çopany bizi ýaşulylar bilen duşurmaga öz kabulhanasyna çagyrdy. Duşuşyk Russiýada hemişe bolşy ýaly gödeňsi ýagdaýda başlandy. Bu howpsuzlygy üpjün etmek üçin edilýänligine biz düşündik, sebäbi çopanlaryň hemmesi yzarlanýandyklaryny bilýärdiler. Bu gezek gödeklik meniň awtomobilime gönükdirildi. Çopan nemesçe gürläp bilýäniň üsti bilen: — «Siz haýsy senagat toplumyna ýolbaşçylyk edýärsiňiz?» — diýip, sorady. «Emma men hiç bir toplumda işlemeýärin». Terjimeçi meniň jogabymy terjime etdi, emma çopan munuň bilen kanagatlanmady. Ol: «Men siziň ýalan sözleýäniňizi bilýärin, sebäbi edil ybadathananyň öňünde siziň awtomobiliňiz dur» — diýdi. Maşyn diňe kapitalistlerde bolýar, ýönekeý adamlar piýada ýöreýärler». Men näme etmeli? Men — fabrigiň ozalky işçisidigimi, obadaky demir ussasynyň ogludygyma ynandyrjak bolmak asla mümkin däldi. Onuň muňa düýbünden düşünesi gelmeýärdi we bu baradaky mowzugyň gürrüňini sypaýçylyk bilen ýa-da özüniň baýlar synpyna bolan ýigrenjini subut etmek üçin goýbolsun etdi. Her hili bolsa-da, biz Russiýada iň ýörgünli bolan taglymat, ýagny Isanyň ikinji gezek gaýdyp gelmekligi hakynda gürrüňe başladyk. Şol bada gürrüňiň äheňi üýtgedi. Men jübimden çopanyň ýatlan şol goşgularyny yzarlamak üçin öz golland Injilimi çykardym we ol gutaransoň, men ony stoluň üstünde goýdum. Onuň gürrüňlere bolan gyzyklanmasynyň ýitenligini men derrew aňdym. Onuň bar ünsi meniň Injilime gönükdirilendi! Ol ony aldy-da, elinde çekip gördi, onuň kiltini açdy, içine seredip gördi we täzeden ony kiltledi. Soňra ony meniň edişim ýaly däl-de, örän tertip bilen stoluň üstünde goýdy. Ol ony burçda goýdy we stoluň gyrasy bilen deňeşdirmek üçin gowşaklyk bilen kitabyň gyralaryny barmaklary bilen sypalaşdyrdy. Soňra bolsa, bize däl-de, özüne ýüzlenýän ýaly, pikirlenme sesi bilen: «Siz bilýäňizmi, dogan, mende Injil ýok» — diýdi. Meniň öňümde müňlerçe adamlaryň ýolbaşçysy otyrdy we onuň hususy Injiliniň ýoklugy üçin meniň ýüregim saklanyp bilmedi. Biziň özümiz bilen getiren hemme Injillerimiz paýlanandy we şonda birden kiçijik ukrain jübi Injili meniň ýadyma düşdi. «Duruň!» — diýip gygyrdym we oturgyçdan tarsa turdum. Injil jemgyýetleri meniň sözüme ynanmaly bolarlar. Men maşyna tarap ylgadym, maşynyň oturgyjygynyň aşagyndan kiçijik kitaby aldym we çaltlyk bilen kabul ediş otagyna dolanyp geldim. — Ine, bu size, — diýip, çopanyň eline Injili goýdum, — indi sizde-de Mukaddes Kitap bar. Terjimeçi meniň sözlerimi gaýtalady, emma ýygnagyň çopany heniz hem düşünmeýärdi. «Bu kime? — diýip, ol sorady. «Bu size! Indi bu Injil siziňki!» Biz, şol gün Hans bilen gidenimizde, ýaşulular toparynyň gujaklamalaryndan biziň süňklerimiz agyrýardy. Cünki olaryň çopanynda öz hususy Injili bar, ony öwüt-nesihatdan soň, indi yzyna gaýdyp bermeli bolmaz. Injili ol islän wagty ýanynda göterip biler. Injili ol okar we söýup biler. Haçan-da biz Russiýadan gidenimizde, Demir perdäniň aňyrsynda şu wagta çenli eden işim bilen deňeşdireniňde, meniň öňümde has çynlakaý iş garaşýardy. Jübi Injillerini slawýan dillerinde çap eder ýaly käbir guramalary men ynandyryp bilmelidim. Ine şonda biz bu kitaplary Russiýa ýüzläp däl-de, müňläp äkidip bileris. On dokuzynjy bap RUSSIÝA ÝYGNAKLARYNYŇ ÇOPANLARY ÜÇIN INJILLER Meniň ýeke-täk aladam indi jübi Injillerini rus dilinde çap etmek boldy. Bu pikir gaty özüneçekiji boldy. Bu mowzuk barada men Injil jemgyýetleriniň wekilleri bilen gepleşik geçirip başladym, emma şeýle Injilleri çap etmäge olar nazary taýdan ylalaşsalar-da, amaly meseleler ýüze çykýardy. Amerikan Injil jemgyýeti meni rus Injilleri bilen mugt üpjün edýärdi. Olar bu taslama makullamak bilen garasalar-da, bu iş üçin ýörite täze neşiri nähili çap etmelidigini göz öňüne getirip bilmeýärdiler. Britaniýa we daşary ýurt jemgyýetleri hem şunuň ýaly ýagdaýda durýardylar. Gollandiýanyň Injil jemgyýeti, esasan, Afrika we Indoneziýa gönükdirilipdi, olar Gündogar-Ýewropa ýurtlary bilen işlemeýärdi. Bir agşam Finn Uetstra bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşanymyzda, ol: «Näme üçin sen jübi Injilini özüň çap etmeýärsiň? — diýip sorady. «Örän gülkünç». «Gara çynym bilen men soraýaryn. Sen näme etjegiňi takyk bilýärsiň. Özüň çap et». «Jenap Uetstra, siz arzuw ediji bolmaga çemeli. Bu iň azyndan bäş müň amerikan dollaryna barabar bolar. Men nireden onuň ýaly puly alaýyn?» Jenap Uetstra maňa gamgyn seretdi. «Seniň bilen bolan hemme wakalardan soň, sen maňa şeýle soraglary berýärmiň?» Elbetde ol mamlady. Şeýle taslama üçin maliýäni diňe Taňry tapyp biljekdi. Şol agşam Uetstrlerden gitmezden ozal ýene bir, hemmesinden ägirt uly beýik tejribä başlamalydygymy men bilýärdim. Bu gezek men meselelerimi durmuşa geçirmek üçin, şeýle bolsa-da, has köp wagt gerek bolupdy. Häzirki wagtda bir toparda zähmet çekmek meniň göz öňüne getirenimden has ýakymlydy. Biz duşuşan pursatlarymyzda bir-birimizi goldap, bir jan, bir ten bolýardyk. Bir gezek, 1962-nji ýylyň yssy tomsunda, biz Bolgariýada bolanymyzda, Hans birden: «Andreý, toparyň ýene bir agzasy üçin dileg etmäge wagt ýetdi» — diýdi. Men düşegimde yssydan ýaňa öl-myžžykdym we öýümize hat ýazýardym. Aljyraňňylykda men: «Hawa, sen mamla» — diýdim. «Bize duýdansyzlykda Çehoslowakiýa wiza berenleri ýadyňdamy we şol wagt sen Gündogar Germaniýadadyň, men bolsa Russiýada? Eger-de biz köplük bolan bolsak, onda döreýän hemme mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerdik». «Hawa, sen mamla». «Sen maňa gulak asmaýarsyň». Men haty bir gapdalda goýdum. Ol meniň elime ýelmeşipdi. «Elbetde, diňleýärin». Hansyň aýdanlaryny men ýadyma saljak boldum. «Bizde peýdalanyp biljegimizden köp mümkinçilik bar, Hans bu hakykat. Emme seniň bilşiň ýaly, haçan-da topar çalt ösende…». Hans meniň sözümi böldi: «Toparda-da ýedi ýylda bir gezek bir agzanyň ösmegine çalt ösýär diýip atlandyrmak kyn bolar. Gel doga okaly». Men üns berip Hansa seretdim. Ol «Gel, dileg edeliň» sözleriniň soňkusyny şeýle çalt aýtdy, hatda oňa men dogry düşünendigime hem ynanyp bilmedim. Emma ol durky bilen dileg etmeklige girişipdi. Men kellämi aşak goýberdim we duýgulara aralaşyp başladym, toparymyza gyssagly ýene bir agza gerekdi, ol ak göwün bilen hiç bir ýeňilliksiz we peşgeşsiz biz bilen özüni gulluk etmäge bermelidi. Hans bilen bir wagtyň özünde diýen ýaly biz şol bir adam barada pikirlendik. «Ýogsa-da Rolf nähili?» — diýip, biz ikimiz hem bilelikde aýtdyk we gülüşdik. «Hawa, hakykatdan-da. Bu ýolbaşçy bolup biler» — diýdi Hans. Rolf golland seminariýasynyň talybydy we diniň yzygiderli taglymatçysydy. Ol hereket edýän adamdy, ajaýyp din taglymatçysydy. Edil şol agşam men oňa hat ýazdym. Onda sen bize goşulmaýarmyň diýip soraýardym. Elbetde, Gollandiýa dolanyp gelenimizden soň, onuň jogaby bize garaşýardy. Meniň hatymy haýran galmak bilen okandygy barada Rolf ýazýardy. Injili galgadyp, ýürege düşgünçlik bilen wagyzçy bolmagy ol asla islemeýärdi. Eger diňe «Mesihiler Esgerleri batyrgaý söweşe» aýdymyny bilmeli bolsa, ol ençeme ýyllaryň hemmesini seminariýada näme üçin okadyka?» Emma ol meniň hatymy alandan soň, ukusyny ýitirendigi barada hatynda dowam edýär. Meniň teklip eden pikirlerim ony gije-gündiz, nahar başynda we işde, düşekde we gezelençde, ahyrsoňy ol ýesir bolýança yzarlady we indi ol hacan başlamaly diýip soraýardy. Şeýlelik bilen, garşylyk we närazylyk bildirip, biziň toparymyza üçünji agza goşuldy. Hans şol wagtyň özünde ony tanyşdyrmak saparyna — Rumyniýa alyp gitdi. Ol ýerde olar wagtlaryny peýdaly geçirdiler we bu ajaýyp ýurtda ýygnaklaryň hakyky ruhy göterilişini gördüler. Olaryň ýanynda hemişe iki adam bolup, olary yzarlaýardylar, emma oňa garamazdan, olar Injilleriň hemmesini paýlamagy başardylar we hususy jaýlarda wagyz etdiler. Rolf dogry saýlaw edendigine şeksiz ynamda bolup dolanyp geldi. Biz Rolf bilen rus dilindäki jübi Injilleri barada öz arzuwlarymyz bilen özara pikir alyşdyk. Biz öz kynçylyklarymyz barada gürrüňlerimizi gutaran badymyza, edil şol wagt Rolf şeýle möçberdäki Injili özümiziň çap etmäge girişmegimiziň gerekdigi barada Uetstranyň pikirini gaýtalady. «Bäş müň Injili çap etmek üçin, näçe pul gerek?» — diýip Rolf sorady. Onuň bilen men hiç wagt gyzyklanmandygymy boýun almaga mejbur boldum. Emma Rolf onuň bilen kanagatlanmady. Onuň bilen biz Gollandiýanyň, Germaniýanyň we Angliýanyň çaphanalaryna ýüz tutduk. Iň peýdaly teklip iňlis çap edijiden gelip gowuşdy, ol Injiliň bäş müň nusgasynyň her biriniň üç dollardan bize düşjekdigini aýtdy. Bize elektron poçta arkaly bu teklip gelende: «Ine görýärmi?» — diýip, men Rolfa, Hansa we Korrä ýüzlendim, — şeýlelik bilen, bu taslama bize on bäş müň dollara düşer!» Rolf bilen Hans geň galdylar. «Sen hem şeýle ownuk-uşakdan gorkýarmyň?» Elbetde, olar ýene-de mamladylar. Diş ýuwulýan pasta we sakgal syrmak üçin krem ýaly ownuk zatlary men Hudaýa ynanmagy öwrendim. Emma on bäş müň dollara iş ýetende, bu ýerde hem şol garaýşyň işleýşine maňa ynanmak kyn boldy. Şol agşam men aşhanada otyrdym, meniň öňümde bolsa, bankyň depderçesi ýatyrdy. Onda «Rus Injilleri» diýen ýazgy bardy. Ilkinji girdeji 1961-nji ýylda, ýagny Russiýadan gelen ýylymyz gowşupdy, häzir bolsa 1963 ýyl. Biziň bank depderçämizde iki müň dollardan azrak pul toplanypdyr. Korri ýanymda otyrdy. «Andi, sen näme barada pikir edýärsiň?» Men oňa bank depdercesini görkezdim. «Biz iki ýylda ine şunça toplapdyrys». Gelen netijämi aýtmaga taýýarlanyp, men uludan demimi aldym. «Biziň jaýymyz näçe durar, sen nähili pikirde?» Korri jogap bermedi. Ol ýöne maňa seretdi. «Biz ony gymmat baha almadyk, emma oňa köp zähmet sarp etdik, şoňa görä onuň bahasy has köp bolmaly, emma näçe? On müň dollar? On iki müň? Bize ýigrimi müňe golaý gerek». «Häzir biz ýene bir çaga garaşýarkak, Andi, biziň öýümiz näme?» «Biz öli nokatdan çykmaly». Korriniň ýüzi ak esgi ýaly agardy. «Belkäm, bu jübi Injillerini biziň çap etmegimizi Hudaý isleýän däldir, — diýip ol ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Belkäm, Onuň dymmagy Onuň jogaby bolmalydyr». «Men bilýärin, men bilýärin» — diýdim. Şol agşam biz jaý satmak barada gürrüň etmedik. Emma indiki hepde jaýyň biziňki däl-de, diňe Onuň şahsy jaýy bolmaklygy üçin Taňrydan kömek etmegini sorap, Oňa dileg etdip başlandygyny Korri maňa aýtdy. «Goý, Seniň erk-islegiň bolsun, — diýip, her agşam biz bile dileg edip başladyk. — Nähili bolsa-da, Taňry, jaýy satmaly boljagymyza biziň ynamymyz ýok. Eger-de Sen isleseň, Injili çap etmek üçin biziň ýüreklerimizde kiçijik gudrat görkez». Ýene bir çaga dünýä indi — gyzjagaz, biz oňa köp garaşypdyk. Biz oňa Stefani diýip at dakdyk. Onuň üçin gelýän pul sowgatlarynyň hemmesi Injiliň gaznasyna gidýärdi. Emma şeýle tizlik bilen ýigrimi ýylda-da biz Injili çap etmäge pul toplap bilmezdik. Biz jaý satmak islegimizi Hudaýdan diläp başladyk. Ahyrsoňy Ol biziň dileglerimize jogap berdi. Bir gezek säher çagy biz Korri bilen ýeriň ýüzünde jaýa ýa-da başga zatlara eýe bolmak asla bagtlylygy aňlatmaýanyna düşündik. «Biz nirede ýaşarys, göz öňüne getirip bilmeýärin, — diýip, Korri başlady we soňra güldi. — Ýadyňdamy, Andi? “Ýoluň bizi nirä äkitjekdigini biz bilmeýäris…”». Men biziň şeýle ýygy-ýygydan gaýtalaýan jümlämi gutardym: «Gel onda onuň bilen bile gideli». Şol günüň özünde jaýyň we ýer böleginiň nyrhy kesgitlendi. Biziň hemme maýalarymyz bilen beýleki emläklerimiz jemi on bäş müň dollardan bir az köpräk boldy! Bu tassyklama gerek bolupdy. Biz jaý satmak barada yglan etdik we men Angliýadaky çap edijä hat ýazdym, kiçijik harplary taýýarlamagy haýyş etdim, biz ol barada ozal gepleşipdik. Ol gije biz Korri bilen dünýäde iň bagtly we iň parahat adam ýaly ýatdyk. Emma Hudaýa ynamyň bolşy ýaly, hemme göz öňüne getirýilän eşretlerden Ol ähtibar, ýüz esse köp edip bermek üçin, Ol bizden şeýle bir az soraýar. Gollandiýada jaý meselesi heniz hem öňküsi ýaly ýitidi, bütin hepdäniň içinde biziň jaýymyzy görmäge gelen bolmady. Bäşinji gün bolsa Korri: «Andi, telefona!» — diýip çagyrdy. Şol wagtlar Hans bilen Rolf saparda köp bolýardylar, şoňa görä, biz öýümize telefon çekdirdik. Işden ünsüňi bölýäni üçin men hemişe telefony halamaýardym. Emma ol gezek beýle bolmady. Sebäbi Gollandiýanyň Injil jemgyýetinden maňa jaň etdiler we günüň dowamynda olaryň ýanyna barmagy soradylar. Birnäçe wagtdan soň, men müdirlikler Geňeşiniň agzalarynyň öňünde, stoluň başynda otyrdym. Olar öz işleriniň örän ýetikdigini düşündirdiler. Emma meniň zerurlyklarymy ýatlaryndan çykaryp bilmeýärler. Eger-de men Injili çap etmek üçin kimdir biri bilen ylalaşyp bilsem? Men eýýäm ylalaşdym? Angliýada? Onda näme, olar hut şol ýere ýüz tutmagy maňa masalahat bermek isleýärdiler. Olar taslamanyň ýarysynyň puluny tölemäge taýýar. Eger-de her bir Injil maňa üç dollara dursa, onda men bir ýaryma esse kömege tama edip biljek. Haçan-da Injiller taýýar bolanda, jemgyýet hasaby doly tölemegi öz uştüne alýar. Emma eger-de ol meni kanagatlandyrsa, gerek bolan mukdardaky Injilleri her gezek men olardan satyn almaly boljak. Eger-de ol meni kanagatlandyrýan bolsa! Men öz gulaklaryma ynanmaýardym. Rus fondunda bolan mendäki pula birden men alty ýüzden köpräk Injili satyn alyp biljek — bu sany bir gezekde äkitmäge bizde mümkinçilik bar. Onda biz jaýymyzy satmasak hem bolýar we Korri Stefaniniň otagy üçin açyk gyzyl reňkdäki tutulary tikmegini dowam etdirse-de bolar, men bolsa, ýene-de mellegimizde gök-onümleri ýetişdirmek bilen meşgul bolaryn. Hudaýyň biziň kiçijik taýýarlygymyzy sylaglany üçin Korrä aýtmaga men zordan garaşyp bildim. Ahyrsoňy jübi Injilleriň arzuwy hasyl boldy. Men Gollandiýanyň Injil jemgyýetiniň wekilhanasyndan gidenimde, 1964-nji ýylyň başynda, ýarym ýylyň dowamynda Russiýa çopanlaryny biz Injiller bilen üpjün edip biljekdigimizi men eýýäm bilýärdim. Olarda bu Injillere örän ýiti zerurlyk bardy. Rolf öýlenmäge taýýarlanýardy. Biz Korri bilen hemme kynçylyklar, biziň ikimize mahsus bolan ýygy-ýygylykdaky aýralyk barada oňa ak ýürekden gürrüň berdik. Emma Rolfuň aýdyşy ýaly, biziň bagtymyz sallah durmuşynyň täsiriniň iň ynamly subutnamasy bolmaly. Emma onuň bilen bile syýahat edip bilýärdi. Ol erkekler ýaly toparyň peýdaly agzasy bolup biljekdi. Biz olaryň toýlaryna gatnaşdyk we olaryň bal aýyny geçirýän wagtlarynda olara gymmatly tabşyryk berdik. Injiliň ilkinji tapgyry taýýar boldy. Rolf bilen Elena Angliýa gitmelidiler we ol ýerden olary almalydylar. Indi bizde uzak saparlara gitmek üçin ikinji awtomobil, ýük ulagy bardy. Awtomobiliň yzky bölegi aýnasyzdy. «Opele» garanda, oňda köp ýük daşasa boljakdy. Bu furgonda Rolf bilen Elena Angliýa bardylar we Injilleriň ilkinji tapgyryny aldylar. Biziň çap eden täze hususy Injillerimizi getirenlerinde — olar öýlerine dolanyp gelenlerinde gör nähili toý-baýramçylyk boldy. Men çep elimde jübi Injilini saklaýardym, sagymda bolsa standarty. Gör, nähili düýpli tapawut! Indi näçe çalt ýola düşüp bolsa, şol zerur. Ugramaly günümiz 1964-nji ýylyň Magtymguly aýynyň (maý) 6-syna bellenildi. Maňa toparyň hemme agzalarynyň kömegi gerekdi, emma Hans Wengriýadady, şoňa görä, men öz ýanym bilen Rolfy alyp gitmeli boldum. Biz Moskwa geldik. Dynç gününiň säheri gelip ýetdi we ýygnaga gitmeli wagt boldy. Biz Rolf bilen adat edilmedik duýgy astynda furgony goýduk. Biziň täsirsiz ýükümiz näçe durýar? Indi Injiliň bahasy oba ýerlerinde bir sygyryň bahasyna deň duraýar. Alty ýüz elli sygyr — şeýle ýük çynlakaý kontrabandany aňladýar. Eger-de bizi olar bilen tutan bolsalar, onda görgi baryny görmeli bolardyk. Edil şol wagt döwletiň we halkyň garşysyna «ykdysady jenaýaty» eden adamyň üstünden iş gozgalypdy. Oňa atuw jesasyny berdiler. Eger-de bizi tutan bolsalar, emma, ýok, biz ol barada pikir etmäli. Şol säher biz ýygnakda Iwanowy gördük. Haçan-da ol myhmanly eýwana seredende, ol meni tanandygyna men ynanmadym, şeýle bolsa-da, ol ony duýdurmady. Birnäçe minutdan soň, ol turdy we zaldan çykdy. Ol dolanyp gelmedi, gullukdan soň ol dälizde-de görünmedi. Emma öz ýeňsämden «Russiýa hoş geldiňiz» diýen ýürkeden çykan sesi eşitdim. Bu Markowdy. Men ony Rolf bilen tanyşdyrdym. «Biz sowgat getirdik» — diýdim. «Ajaýyp! — diýip, ol seslendi. — Bu tolgundurýan täzelik!» Ol örän gaty gürleýärdi, onuň näme üçin şeýle edýänini men bilýärdim. Eger-de biz açyk gürlesek, onda hiç kim bizi gizlinlikde diňlejek bolmazdy. «Biz nirede duşuşyp bileris?» «Ozalky ýer! Gyzyl meýdançadan iki minutlyk ýol». Markowyň nerwisi polatdan bolara çemeli. «Men täze ýerleri görmek isleýärin». Markow birinji gezek sesini peseltdi: «Smolenskiniň ýolunda uly ýol görkeziji dur, onda «Moskwa» diýen ýazgy bar. Şol ýerde sagat bäşde duşuşarys. Sowgatlarymyzy açyşdyryp, olary çalt beýleki maşyna ýüklär ýaly, sizi men başga ýere äkitjek». Bu ýakymly seslenmedi. Emma bize, Injilleri açyşdyrmaga ýer ýokdy. Bu işi ýerine ýetirmäge takmynan doly ýarym sagat ýekelikde bolmalydyk. Biz çadra dolanyp gelenimizde, meniň kelläme bir pikir geldi. Men: «Maşynly gezelenje gideli — diýip, teklip etdim. — Sen tebigatdan lezzet alarsyň. Men bolsa, maşynyň yzyna geçerin we olary açyşdyryp başlaryn». Furgonyň ýanyna poliseý gelýärdi. «Dileg et!» — diýip, Rolf pyşyrdady we maşyndan kellesini çykardy. «Näme boldy, ofiser?» — diýip, ol gollandça sorady. Milisioner uzak wagtlap rus dilinde gaharly gürledi; soňra iňlis dilinde birnäçe sözi üstüne goşdy. «Bu ýerde bellik!! Öwrülmek gadagan! Öwrülmek gadagan!» «Ofiser, öwrüme näme boldy? — diýip, ýene Rolf gollandça sorady. — Haýyş edýärin, bagyşlaň. Şeýle giňişleýin we owadan şäherde maşyn sürmegi men endik etmändirin». Poliseý ýene bir zatlary düşündirip başlady. Men oturgyjyň arka gapdalyna gysyldym we maşynyň içine seretmez ýaly dileg edip başladym. Has asuda äheňde, bir zat diýmezinden ozal, meniň garaýşyma görä, köp wagt geçdi. «Ofiser, size-de şony — diýip, Rolf gollandça jogap berdi. — Men hem siziň halkyňyza Taňrynyň söýgüsini isleýärin». Rolf motory işletdi we maşynlaryň arasyna goşulyp, ýola rowana boldy: men diňe birnäçe kwartaldan soň, arkaýyn dem alyp başladym. «Gel indi beýle etmäli. Örän agyr!» Günüň galan bölegini ýüki açmak üçin, biz gizlin ýeriň gözleginde bolduk. Emma sagat dörtde biz eýýäm taýýarmy ýa-da ýok, oňa garamazdan duşuşyga barmalydyk. Keýipli, asmanyň bulutsyz gününe laýyk, biz Smolensk ýoly bilen ýola rowana bolduk. «Emma näme üçin biz aladalanýarys?» — diýip, birden Rolf sorady. — Bu Taňryň işidir! Ol biziň üçin ýol taýýarlar». Ol öz sözüni tassyklaýan ýaly aýdym aýdyp başlady. Geň görmeli, biziň içki duýgymyz üýtgän badyna, köçeler garaňkylyga öwrüldi. Ilki gün ýaşdy, soňra asmany agyr garaňky çabgaly bulutlar örtdi. Biz uzakda gözüňi gamaşdyrýan ýaldyrawygy gördük. Gök gürledi. Emma biz Rolf bilen aýdymymyzy dowam etdirýärdik. Soňra ýagyş başlady. Öz syýahatlarymda men hiç wagt onuň ýaly çabgany görmändim, asman ýarylyp, ýer, asman suwlary sil bolup gelýän ýaly pikir etmek bolýardy. Biz piýada ýola golaý durmaly bolduk. Beýleki maşynlar hem ýoly boşatdylar. Maşynyň aýnalary derledi. Maşynyň aýnasyny süpürýän süpürijiler näçe çaltlyk bilen süpürseler-de, biz zordan ýöreýärdik. «Diňle…» «Hawa, men bilýärin…» «Hudaý bizi görünmez ýaly etdi» — diýip, Rolf aýtdy. Hudaýa şükür, biz maşynyň ýük goýulýan bölegine geçdik, howlukman galan Injilleri çykardyk we olary açyşdyrdyk. Biz işimizi tamamlap ýerimizde oturdyk we edil şol wagt asman durlandy, gün täzeden bulutdan çykdy. Göni sagat bäşde biz «Moskwa» ýazgyly sütüniň ýanyndan geçdik. Biz Markowyň ýanymyzdan wazlap geçenini gördük, onuň çyralary ýagyşdan soň, heniz hem ýanýardy. Ol bize bir gezek goz gypdy. Altydan on minut işlände biz haýsydyr bir ammaryň ýanyna bardyk, ol ýerde köp maşyn durdy, olaryň hemmesi bir zat ýükleýärdi we düşürýärdi. Biz bäş minutyň içinde öz harytlarymyzyň hemmesini Markowyň maşynyna geçirdik. Üç ýyldan soň, çopanyň beren sözi durmuşa geçip başlady. Ýigriminji bap AŽDARHANYŇ OÝANMAGY Uçaryň ganatynyň aşagyndan ýuwaşlyk bilen Gonkong atly äpet şäher görünýärdi. Bu britan täjiniň näzik kebelejigi ýaly we eýýäm oýanan kommunistik Hytaý atly mähnet aždarhanyň guýrugynda otyrdy. Gonkongyň aňyrsynda bu ýurduň aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän meýdany ýatyrdy. Bu ýapyk dünýäni gurşap alan Hytaý diwaryny görmän, men birsalym geň galdym. Syrly, ýapyk, el ýetmez gyzyl Hytaýy men öz göwnimde edil şunuň ýaly göz öňüne getirýärdim. Hatda men kommunistik Ýewropadaky döwletleriň daşky we içki aýlawyny saýgaryp başlanymda, Hytaýa kesgitleme bermek islemeýärdim. Meniň üçin ol ýedi möhür basylan syrly ýer bolmaly, ondan beteri, ol wagyz üçin Ýewropanyň totalitar ýurtlarynyň hemmesinden beteri bolmaly. Bir gezek, birden men Moskwada awtobusda hytaýlynyň ýanynda peýda boldum. Ol günler Moskwada hytaýlylar köp bolýardy, emma bu adamyň penjeginiň ýakasynda haç bardy. Biz iňlisçe gepläp başladyk we ol mesihi ýaşlarynyň Şanhaý bölüminiň Assosiasiýasynyň (Y.M.C.A.) sekretary bolup işleýändigini maňa aýtdy, men geň galdym. «Bu gurama heniz hem Şanhaýda işleýärmi?» Ol: «Hawa» diýip, açyk we işşeňirlik bilen aýtdy. Ol maňa adresini berdi we olara myhmançylyga barmagymy haýyş etdi. Şol günüň özünden başlap çäklendirilmelerde ýaşaýan hytaý mesihilerine kömek etmek üçin haçan-da bolsa bir gün gitmäge mende umyt ösüp başlady. Emma ondan öňinçä, köp meseleleri çözmeli bolupdy. Hytaýda näçe mesihi barka? Bu ýurduň ilatynyň köp böleginiň mesihiler däldigini men bilýärdim. Beýleki tarapdan, Hytaýda wagyzçylaryň iň uly goşuny zähmet çekýär. Bu ýurtda munça adamyň işlemegine näme mejbur etdikä? Olar tarapyndan ol ýerde guralan dini guramalar hereket edýärmikä? Yzarlanma barmyka? Gizlinlikde duşuşýarmykalar? Eger-de öňküleri ýaly ybadathanalar işleýän bolsalar, olaryň Gündogar Ýewropadaky ýaly Injillere zerurlygy barmyka? Bu sowallaryň hemmesine jogap tapmalydyk. 1965-nji ýylda Kaliforniýada çykyş etmäge maňa çakylyk edenlerinde, şonuň bilen birlikde Taýwana barmagy men karara geldim, Hytaýy bilýän adamlar bilen ýöne gürleşmek üçin, soňra bolsa, ýurduň içki bölegine aralaşmaga synanyşdym. Men öz golland pasportyma daýanýardym — gollandlary haýsy bolsa-da bir sebäplere görä, bu demir perdä garanyňda nähili bolsa-da goýberýärdier. Emma indi, uçarda oturan ýerimde, hemme edýän zatlarymyň nädogrudygyna men düşündim. Özümiň Hytaýa barmak isleýänimi aýdanymda, ýanymda oturan gonkongly bankçy maňa geň galmak bilen seretdi. «Näme üçin siz Taýwanda uçara münmediňiz?» — diýip ol sorady. «Pasportyňýzy beriň, men oňa seredeýin» — ol sahypalary agdaryşdyrdy, taýwan möhürine seretdi we amerikan wizasyny görüp saklandy-da: «Birleşen Ştatlar!» — diýdi. «Hawa. Men edil şol ýerden gelýärin». «Mähriban, şeýle pasport bilen siz hiç wagt gyzyl Hytaýa düşmersiňiz». Indi adamlar nirede bolsa-da, bir ýerde wagyzçylyk işi mümkin däl diýenlerinde, men adatça begenýärin. Hudaý bu mümkin bolmajak zadyň hötdesinden nähili gelýändigini görmek üçin maňa umyt etmäge rugsat berýär. Şeýle bolsa-da, men Gonkongda barlagdan geçenimde, men has beter howsalaly täzelikleri bildim. Meniň göwnüme bolmasa, bütin Gonkong wagyzçylardan doludy, olar synanyşyk edýärdiler, emma Hytaýyň içki bölegine girip bilmeýärdiler. Ol ýerde lukmanlar hem-de mugallymlar bardy, olarda beýleki ýurtlarda wagyzçylyk işini geçirmek üçin gulluk wezipesini görkezýän uzyn sanawaç bardy. Emma bu gün olar hasaba alynmaýardy: ýagdaý şeýle, olar kommunistik režimden ozal gulluk edýärdiler. Olaryň bu ýurtda awtomatik ýagdaýda işlemek mümkinçiligini aýyrýardy. Men bularyň hemmesini ýüzünji gezek eşidenimde, meniň ynamym peseldi. Belkäm, ilki bilen men, onda ozalky wizalar durmaýan täze pasport almalydyryn? Şonda men golland konsullugyna ýöneldim. Men konsuly temmäkiniň goýy tüssesiniň aňyrsyndan tapdym. Ol palçykdan ýasalan uzyn şybygy sorýardy we men Gollandiýa üçin birneme ýiti gaýgyny duýdum. Men Hytaýyň içine düşjek bolyandygymy aýdanymda, ol agzyndan şybygyny aýyrdy we ýylgyryp başlady. Men wagyzçydygymy düşündirenimde, onuň ýylgyrmasy has hem artdy. Men ak ýürekden ol ýerden hristýanlary tapmak isleýändigimi we ol ýere Injilleri geçirmegiň mümkinçiligini barlamagy boýun alanymda, ol ha-haýlap güldi. Ol: «Siziň pasportyňyza seretmek bolarmy?» — diýdi. Ol kellesini ýaýkap, hemme sahypalaryna seretdi. Hytaý üçin ýigrenji wizalary öz çilim çekýän şybygynyň yjy bilen dürtüp: «Bu mümkin däl» — diýdi. «Ser, hakykatdan-da men şu ýerde täze pasport almak isleýärin. «Bu mümkin däl, — diýip, ýene gaýtalady. — Gonkongdaky konsullygyň pasport bermäge haky ýok». Eger-de ol meniň haýyşymy Indoneziýa ibermäge synanyşsa, onda ol kanuny sebäbiniň talabyna doly beýan etmeli bolardy, ol bolsa ýokdy. Ondan soň ol petige tegelek tüsseleri goýberip başlady. Şu ýerde biziň gürrüňimiziň gutarandygyny bildim. Ilkibada meýilnamalarymyň amala aşmandygy üçin men gynandym. Emma birden begenç duýgusy gurşap aldy. Indi öz yhlasym bilen Hytaýa barmaga hiç hili mümkinçilik galmady. Meniň Hytaýa gitmek islegim Hudaýdan gelip çykýardy, men oňa ynanýardym. Şoňa görä-de, bu maksadyň hemme serişdelerini men Oňa hem tabşyrmalydym. Indiki säher çagy men ýene hytaý konsullygyna barjak we wiza sorajak, eger-de hakykatdan-da Hudaý meniň şol ýere barmagymy isleýän bolsa, onda maňa gerekli resminamalar beriler. Emma ilki bilen meniň birnaçe zat etmegim gerekdi. Men Ýeşuwa barada ýatladym, ol Kengana girmek isleýärdi, ol özünden ozal içalylary iberdi, olar ýerleri synlamalydylar. Mümkin, men hem şonuň ýaly etmeli bolaryn: Hytaý emeldarlarynyň ýerlerini barlap görmelidirin. Eýýäm garaňky düşüpdi, dükanlar we edaralar ýapylypdy. Emma men hytaýlylaryň «jahankeşdelik agentliginiň» gözlegine ugradym, ol ýerden men wiza almalydym. Meniň garaýşyma görä, ol ýapykdy. Gapynyň ýanynda men äpet sütüni gördüm. Onda: «Hytaý jahankeşdelik gullugy» diýlip iňlis dilinde bildiriş asylgydy. Garaňky piýada ýolda ýapyk gapynyň öňünde men her hili güýçleri bitaraplaşdyryp, olar Taňrynyň buýrugyna päsgel bermez ýaly, men ýeňiş dogasyny okap başladym. Men Taňrynyň häkiminiň garşysyna näme gidýän bolsa, Mesih hemmesini ýeňer diýip, yglan edýärdim. Men jaýyň öňünden öňe-yza ýöreýärdim. Ol ýerde, garaňkyda men iki sagadyň dowamynda dileg edýärdim. Indiki säher men ol ýere dolanyp bardym. Bu gezek gapy açyk durdy. Ýokarda basgançak meýdançasynda hytaý esgeri durdy. Onuň yzynda otag bardy, ol adamdan hyryn-dykyndy. Men nobata durdum, garaşyp duran wagtym, hemme emeldarlar we gullukçylar üçin dileg etdim, olaryň arasyndan geçip, hytaý raýatlygyna ýeter ýaly Hudaýdan ähli ýollary açmagyny soradym. Meniň nobatym ýetdi. Gök raýat eşigindäki adam maňa soragly seretdi. Men iňlisçe: «Ser, — diýdim. — Hytaýa aralaşmak üçin men wiza almak isleýärin». Ol adam aşak seretdi we resminamalara möhür goýup başlady. «Siz haçan-da bolsa bir wagt Taýwanda ýa-da Birleşen Ştatlarda bolupdyňyzmy?» — diýip ol sorady. «Hawa ser. Men edil Taýwandan dolanyp geldim, onuň öňünçäsi bolsa Kaliforniýada boldum». «Onda siz Hytaýa baryp bilmersiňiz, — diýip ol ýylgyrdy. — Sebäbi ol ýurtlar biziň duşmanlarymyz». «Şeýle bolsa-da, — men ýylgyrma bilen oňa jogap berdim, — olar meniň duşmanlarym däl, sebäbi mende duşman ýok. Siz maňa blanka berjekmi?» Biz biri-birimiziň gözümize seretdik. Başga adamyň näme etjegini men bilmeýärin, emma men dileg edýärdim, emeldar uzak wagtlap maňa seretdi, şeýle bolsa-da onuň ýüzi hiç bir duýgyny aňlatmaýardy. Ahyrsoňy ol seretmesini bes etdi. «Bu hiç zat berenok» diýdi, egnini gysyp ol şeýle bolsa-da maňa anketalary berdi. Haçan-da men resmi kagyzlary dolduranymdan soň, jogabyny üç günden soň alarsyň diýip, ol maňa habar berdi. Meniň arzam pasportym bilen bilelikde Kantona iberilmelidi. Şol gün men garry hytaý wagyzçysy bilen naharlandym. «Jogabyny üç günde alarsyň diýdiler maňa» — diýip, men oňa behenç bilen habar berdim. Meniň gürrüňdeşim kelesini arkan atdy we hezil edip güldi. «Siziň gündogar adamlarynyň aň–düşünjesi bilen tanyşlygyňyzyň azdygy derrew bildirýär! — diýdi ol. — Olar hemişe «üç gün» diýýärler. Bu hytaýlylarda «hiç wagt» diýmekdir». Men onuň degişmesini aýgytly kabul etmedim. Bu üç günüň dowamynda men yzyny üzmän diýen ýaly dileg etdim. Ondan beteri, men ýerli Injiller dükanyna ugradym we Bambuk perdesine özüm bilen alyp gitmek üçin, Injilleri satyn aldym. Dükanda men öz geýimlerimi goýmaga şertleşdim. Sebäbi meniň çemodanym Injillerden hyryn-dykyndy. Men garaşyp başladym. Üçünji gün men myhmanhana dolanyp geldim, ol ýerde jahankeşdelik gullugyna jaň etmeli haýyşy bilen meniň üçin haýyşjagaz ýatyrdy. Men jaň edip durmadym, derrew olaryň edarasyna tarap ugradym. Men hytaý gullukçysynyň ýüzünden nämedir bir zat okamaga synanyşdym, ol meni heniz nobatda duran mahalym gördi. Emma onuň ýüzi edil onuň ýurdy ýaly düşnüksizdi. Ahyry nobat maňa gelip ýetdi. Hiç bir zat diýmän, ol pasportymy maňa gowşurdy, oňa bir tagta kagyz ýelmengidi, onda wiza durdy. Indiki gün säher wagty sagat sekizde eýýäm men Hytaýa alyp barýan otluda barýardym. Iki sagatdan soň, biz kiçijik Lo Wu şäheriniň serhedinde bolmalydyk. Ol ýerde, uly bolmadyk derýajygyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň aňyrsynda oýanýan aždahanyň çägi başlanýardy. Britan tarapynda kiçijik restoran we gümrükhana bardy. Men garaşmakdan bizar bolamsoň, gezelenç edip başladym, ol ýerde goragda duran britan esgeri durdy. Köprüden gümmürdäp ýük otlusy geçdi, onda diri doňuzlary, towuklary we britan şäheriniň ilaty üçin azyk alyp barýardylar. Halk arasynda mälim bolşy ýaly, bu ýer «Agyly köpri bolmaly» diýdi esger. Her gün gaçgaklaryň bir toparyny tutmaly bolýardy, olar derýadan ýüzüp geçýärdiler we köpriniň üsti bilen olary garşy tarapa gaýtaryp bermeli bolýardy. Ol olaryň yzlaryna gaýtmajak bolup nähili aglaýyşlaryny we ýalbaryşlaryny, nähili köpriniň tutawajyndan ýapyşýandyklaryny gürrüň berdi. Eý Taňrym, şeýle et, şonuň ýaly gün gelip ýetmesin, agy köprisi bolmasyn. Goý, şol gün gelip ýetsin, bütin adamzat Seniň ýeke-täk patyşalyk söýgüňe degişli bolsun — diýip, men ýuwaşlyk bilen doga okaýardym. Indi bu patyşalyk üçin men gözleg işlerini geçirmelidim. Ahyrsoňy britan gümrükçi emeldary: «Köprüden geçip bolýar» — diýdi. Biz seresaplyk bilen demir pürsleriniň üsti bilen tirkeşip ýöredik. Biziň toparymyz on iki adama golaýdy, galanlary Angliýanyň, Fransiýanyň we Kanadanyň işewürleridi. Köpriniň polat pürsleriniň ýarysyna çenli ýaşyl reňk bilen reňklengidi, olar üýtgedi. Biz kommunistik Hytaýda peýda bolduk. Köprüniň bu tarapynda tertipli we reňksiz uly gurluşyk toplumy bardy, bu birmeňzeşlik diňe geranyň (gülleýän öý ösümligi) köp bolmagy bilen bozulýardy, olar hemme ýerde ösýärdi. Gümrükçi emeldar örän ýaş we pakize gyz bolup çykdy. Edil jahankeşdelik gullugynyň mylaýym ýylgyryşynda ol şeýle diýdi: «Öz çemodanyňyzy açmagyňyzy merhemet ediň». Meniň ýüregim güýçli urup başlady. Onuň içinde, iň ýokarsynda hytaý Injilleri ýatyrdy, olaryň kömegi bilen men wagyzçynyň Hytaýda bolmagynyň hereketini barlamak isleýärdim. Näme eder-kä bu ýaş çinownik gyz? Men çemodanyň gapagyny galdyryp, Injilleriň toplumyny açdym. Ine şu ýerde düşnüksiz bir zat bolup geçdi. Gümrükçi gyz meniň çemodanymdaky zatlaryň birine-de elini degirmedi. Ol Injile seretdi, soňra maňa seretdi: ol ýene şol ýylgyrma bilen: «Sag boluň, ser, sizde sagat barmy? Fotoapparat?» — diýdi. Çemodanda gören zatlary onda hiç bir täsir galdyrmady. Ol bolsa, ýigrimi ýa-da ýigrimi bäş ýaşlaryndady. Be! Ol hiç wagt Injilleri görmedimikä? Diýmek, ol onuň nämedigini azajyk hem bolsa, göz öňüne getirip bilmeýär. Kantona gidýän otly eýýäm bize garaşýardy. Köne ýolagçy wagon birkemsiz arassady. Kiçijik güldanlarda ter güller goýulgydy, ýola salyjy gyz bize çaý berdi. Haçanda otly ugranda, men sagadyma seretdim: biz minutma-minut tertip boýunça barýardyk. Ýola salyjy gyz aňynda gerek sözleri gözläp, iňlisçe maňa ýüzlendi. «Biziň otlymyz tertip boýunça barýar», — diýdi. Bu häzirki zaman Hytaýynda «biziňki» sözüň düşünjesi bilen meniň ilkinji tanyşlygym bolmalydy. «Biziň otlumyz», «biziň rewolýisiýamyz», «ilkinji hytaý awtomobili» diýen şeýle aňlatmalary men hemme ýerde eşidýärdim. Bu watansöýüjilik duýgusynyň nähili ýagdaýda döreýändigini we gollanýandygyny men Kantonyň demir ýol menzilinde gördüm. Hemme ýerde, ajaýyp çapdan çykan, suratlar bilen owadan bezelen edebiýatlar mugtuň toplumy bilen ýatyrdy. Meniň aýak çeken myhmanhanamda-da, westibýulde-de, nahar edilyän zalda-da, her bir basgançaklar meýdançasynda-da hemme ýerde kitapçalar bardy. Çap edilen harytlar myhmanhanalarda ýewropa dillerindedi — nemesçe, iňlisçe, fransuzçady, açykdan açyk jahankeşdelere niýetlenendi. Emma başga ýerlerde bu edebiýatlar öz raýatlary üçin niýetlenendi. Hemme žurnallar, gazetler, filmler we pýesalar özlerinde haýsydyr bir gizlin many saklaýardy. «Biz rewolýusiýa minnetdar. Biz Amerikany ýigrenyäris». Bir gezek agşam men teatra gitdim, ol ýerde akrobat çagalaryň topary çykyş edýärdi. Kiçijik, bezzat komendanty suratlandyrýan hemme wagt gümpüldewajy ýakmaga synanyşýardy. Emma her gezek partlaýyş geçirmek üçin ýüpüni ýakmaga taýýar bolanda, oýnuň gahrymany ony öçürmäge ýetişýärdi. Emma her gezekki hadysadan soň, partlaýyş geçiriji ahyrsoňy atom bombasyna öwrülýänçä has ulalýardy, onuň ýokarsynda bolsa, äpet amerikan baýdagy ýalpyldadýardy. Ýene-de gahryman iň soňky pursat ýagdaýy düzetdi we bombany derbi-dagyn etdi. Şol wagt tomaşaçylar begençlerinden ýerlerinden turdular we watançylyk duýgusy bilen haýran galyp el çarpdylar. Wagzyň beýleki mowzugy — rewolýusion ruhubelentlikdi — ol hem berkdi we şonuň ýaly-da kütekdi. Kantonda bolan wagtym men garrylar öýünde boldum. Ýewropa ülňüsi boýunça ol örän sadajady, emma garrylar hoşal görünýärdiler. Olaryň birnäçesi dokaýardy, beýlekileri çägi tertibe salýardylar, olaryň hemmesi haýsy bolsa-da zähmet bilen meşguldy. Bu öýüň ýolbaşçysy bolan segsen ýaşdan aşan garry aýal terjimeçiniň üsti bilen salamlaşdy we uly bolmadyk söz sözledi. Ol rewolýusiýadan soň, garrylaryň özlerini nähili bagtly we gerekli duýuşlary barada gürrüň berdi. Ol: «Azatlyga çykmazdan ozal garrylary meýdanda ölmäge goýýardylar. Emma soňra hemmesi başgaça boldy» — diýdi. Ýolbaşçylary gepleýärkä, beýleki garrylar bize seretmeýärdiler. Her gezek, haçan-da «azatlyga çykanymyzdan soň» sözüni aýdanda, edil buýruk berlen ýaly hemmesiniň ýüzi janlanýardy. Hemmesi el çarpmaga başlaýardy. Haçan-da kempir ýene-de gürrüňi dowam etdirip başlanda, olar ýene öz garry arzuwlaryny amala aşyrmaga gaýdyp gelýärdiler. Eger-de garrylaryň ruhubelentligi meýletin görünmese-de, emma ýaş adamlar bilen başgaça bolýardy. Meniň Şanhaýdaky ýaşajyk terjimeçim injilçilik hyjuwy bilen görnetin özüne erk edip bilýärdi. «Ozal» Şanhaý öz jelepleri bilen bellidi, emma rewolýisiýadan soň, jelepleri zähmet lagerlerine äkitdiler, ol ýerde peýdaly işleri etmegi öwretdiler. «Ozal» Hytaý iň pes bilimsizlik bilen şohratlanýardy, emma «soň» bilimde uly sepgitlere eýe boldy. Şunuň ýaly we şuňa meňzeşler. Şunuň ýaly gürrüňler Hytaý kommunasynyň hereketini görmäge meni has beter oýarýardy. Ýol görkezijiler ýörite taýýarlyk geçen hökümet emeldarlarydy ahyryn. Elbetde, orta işçi her gezek «soňra» sözünden soň, şeýle şöhläni ýalpyldadyp bilmezdi. Özümiň Hytaýda bolan wagtym men kommunalaryň altysyna bardym. Birinjisinde on müňden köpräk adam bardy. Hut şu ýerde men ilkinji gezek ýönekeý hytaýlynyň öýüne düşdüm. Gapdaldaky köçede, üsti saman bilen örtülen kiçijik jaýy men özüm saýlap aldym. Öňünden hiç bir tabşyryksyz oňa barmaga maňa rugsat berdiler. Gapyny garry adam açdy. Ol öz garry aýaly bilen bilelikde we üýtgemeýän ýylgyryşda bize öz ýaşaýan jaýyny görkezdi. Olaryň oňa guwanýandyklary görnüp durdy. Olar bambukdan ýasalan silindr bedredäki ätiýaçlyk gallany birnäçe gezek görkezdiler. Terjimeçiniň üsti bilen men olarda «syçan ýokmy» diýip soradym. Garry güldi. Ol: «Bizde syçan bar, emma biz olardan gorkmaýarys, sebäbi galla biz üçin hem we olar üçin hem ýeterlik. Emma ozal beýle bolmandy» diýdi. Ozal. Bu «ozal» barada men göz öňüne getirip bilmeýärdim. Meniň betbagtlygym şundan ybarat bolmaly. Bu çylşyrymly ýurtda men adaty myhmandym we men ony hiç bir zat bilen deňeşdirip bilmeýärdim. Mysal üçin, beýleki kommunada maňa hassahanany görkezdiler, ol Gollandiýada bar bolan hassahanalaryň iň erbedi hasaplanýardy. Operasiýa geçirilýän otagyň ýokarsynda ýagty berýän enjam ýokdy, boş tekjelerde dermanlar ýokdy, birnäçe otaglarda bolsa, diňe ýorgandyr ýassyk däl-de, eýsem düşek hem ýokdy. Şeýle bolsa-da, ýol görkeziji meni bu ulgamda gazanylan iň öňdebaryjysydygyny göz-görtele maňa düşündirjek bolýardy. Emma men görenlerimi «ozal» näme bolany bilen deňeşdirip bilmeýärdim. Moskwada tanyşan Y.M.C.A sekretaryny Şanhaýda tapmagyň kararyna geldim. Y.M.C.A-nyň heniz hem işleýändigini myhmanhanada men soraşdyryp bilenimde, meniň begenjimiň çägi bolmady. Emma men ol ýere baranymda, meniň begenjim ýitirim boldy: ol ýerde diňe stoluň üstünde oýnalýan oýunlary oýnap oturan garry kempirleri gördüm. Y.M.C.A-dan bar galany diňe Assosiasiyanyň salgysydy. Terjimeçiniň üsti bilen men öz dostum barada soradym. Meniň geň galmagyma görä, ol barada hiç kim eşitmändir. «Siz barlap görmersiňizmi?» — diýip men haýyş etdim. Iş dolandyryjy bir minutlyk gitdi, soň bolsa, şeýle atly adamy hiç kimiň tanamaýandygyny habar bermek üçin geldi. «Ol bolup bilmez, — diýip, men öz diýenimi etdirjek bolýardym. — Bu adam bu ýerde kätip bolup işleýärdi. Mümkin, onuň ady kimdir biriniň ýadyndadyr. Belkem ýene bir gezek sorarsyňyz?» Bu gezek iş dolandyryjy ýeterlik köp eglendi. Ol ýylgyryp dolanyp geldi. Ol: «Bagyşlaň» — diýdi. Ondan soň, ol söz sözledi. Eger-de kimdir bir belli adamyny gözlänimde, ony men şondan bäri ýygy-ýygydan eşidýärdim: «Siziň dostuňyz bu ýerde ýok. Ol gitdi». Men başga hiç bir zat bilip bilmedim. Maňa diňe näme üçin bu mesihi ýolbaşçy ýitdi diýip, çak etmek galýardy. Bu şäherden onuň «hemişelik» gidenine men düşündim. Bu gün Hytaýda öz şäherlerinden näçe mesihi hemişelik gidýär? Moskawada bu kätip: «Şanhaýdan heniz hem Injiller dükany işleýär» — diýipdi. Men ony tapdym. Bu gapdaldaky köçejikde kiçijik dükanjykdy, ol dürli Injillerden doludy we hemmeler uçin açykdy. Bu kitaplary Şanhaýda islän adam alyp bilýärdi, emma Gündogar Ýewropa olary kontrabanda görnüşinde äkitmeli bolýardy. Iş dolandyryjy iňlis dilinde meniň bilen salamlaşdy we öz dükanyny buýsanç bilen görkezdi. Diwaryň ýüzünde çagalaryň Isa Mesihiň daşyna üýşüp duran surat asylgydy. Olaryň hemmesi ak çypardylar we gök gözlüdiler. Men stoluň üstünden Injili aldym. Meniň geň galmagyma görä, bu kitap Şanhaýda çap edilipdir. «Şu ýerde çap edildimi? Gonkongda dälmi?» — diýip, men soradym. Iş dolandyryjy buýsançly gönelip: «Hytaýda hemme zady biz özümiz edýäris» — diýdi. Ondan men işiň gidişi barada soranymda, ol tukatlandy. Dükanda men bütin bir sagat boldum, emma bu wagtyň aralygynda bir adam hem gelmedi. Ol: «Alyjy az» — diýip, gaýgyly aýtdy. «Siz bir aýda näçe Injil satýarsyňyz?» «Köp däl». Injiller köp, alyjylar köp däl. Bu kiçijik, gülkünç dükana hökümet gadymy zatlaryň önümlerini satmaga rugsat beripdir, sebäbi ol hiç bir howpy göz öňüne tutmaýar. Bu ýurtda Injil gerek däldi. Injilleri Hytaýda nähili paýlajak bolşumy men ýadyma saldym. Ilkinjini men Kantonda öz terjimeçime hödürledim. Ol ony yzyna gaýtaryp berdi. Ol ony okamaga wagtynyň ýokdugyny aýtdy. Mümkin, Injilleri hemmeleriň göz öňünde almak howpludyr, men haçan-da myhmanhanadan gidenimde olary «tötänlikde» myhmanhanada goýmagyň kararyna geldim. Emma bu usulym hem bolmady, her gezek gatdan düşmäge ýetişmeýärdim, eýýäm meniň yzymdan myhmanhananyň hyzmatkärleri elleri Injilli ylgap gelýärdiler. «Ser, siz kitabyňyzy ýadyňyzdan çykardyňyz» — diýýärdiler. Ymytsyz ýagdaýda men göni köçede Injilleri paýlamaga synanyşýardym. Meniň ýol beletlerim garşy bolmaýardylar. Has beteri, hatda olar maňa duýgudaşlyk bildirýärdiler. Meniň paýlaýan zadymy görmek üçin adamlar yzly-yzyna durýardylar. Emma soň, kitaplary yzly-yzyna gaýtaryp berýärdiler. Indi bolsa, bu dükan. «Alyjylar az». Bu dükany men öňküden has aladaly goýup gitdim. Ýygnak özüniň bütin taryhynda köp gezek yzarlanma bilen çaknyşdy we hemişe bu hüjümiň hötdesinden geldi. Emma biperwaýlyk has howply bolýan eken. Şeýle bolsa-da, heniz mende umyt bardy. Adamlar hemme ýerde dini seminariýalary öňküsi ýaly açyk diýip meni ynandyrdylar. Şeýle seredeniňde, bu diýseň begendiriji täzelikdi. Emma onuň ýaly seminariýa gatnaşanymdan soň, mende eýýäm öňki ýaly ynam ýokdy. Men mekdebe bardym, ol Nankiniň ýanynda ýerleşýärdi. Ol ýerde men müdir we mugallymlaryň biri bilen örän oňat ýagdaýda duşuşdym: olaryň ikisi hem iňlisçe gürleýärdi. Men bilesigelijili terjimeçisiz mesihiler bilen duşuşanyma begendim. Şeýle bolsa-da, diňe ýeke galanymyzda, otagda dartgynly asudalyk höküm sürdi, ony diňe guýulýan çaýyň sesi bozýardy. Şeýle bolsa-da, hiç kim geplemedi. Men näme üçin gelendigimi düşündirmegi karar etdim. Emma «wagyzçy» sözüni eşidenlerinde, olaryň ikisi maňa şeýle bir seretdi, hatda men mukaddes diwarlarda ahlaksyz söz aýdan ýalydym. Rektor: «Biz bilýäris, wagyzçylaryň hemmesi içaly bolmaly» — diýdi. Ol professor tarapa öwrüldi we oňa nämedir bir zat aýtdy, ol otagdan çykdy we bir minutdan soň äpet kitaply dolanyp geldi. Onuň açyk sahypasynda wagyzçynyň öz hökümetine ýazan haty bardy. Onda tebigy baýlyklar, azyk bilen üpjünçilik we halkyň närazylygy barada aýdylýardy. Soňky çärýek sagat professor (ol hem gök geýimdedi) kitaphanadan kabulhana gelýärdi we her gezek täze tom kitap getirýärdi, olaryň hemmesiniň sahypasy bellik edilen açyk görnüşdedi. Olaryň hemmesi abraýly günbatar neşirýatlarynyň çap eden kitaplarydy. Görlüp otursa, birnäçe wagyzçy hakykatdan-da öz ilçihanalaryny maglumatlar bilen üpjün edýärdi. Biz Günbatarda hiç wagt Mesihe ynamdar bolmaklyk bilen öz ýurduňa wepaly bolmaklygyň arasynda hiç hili gapma-garşylygy görmändik. Belkäm, şoňa görä biz özümizden soň öz işimiz baradaky düşünjäni getirmäni ýoýýandyrys? Nähili bolsa-da, meniň seminariýa barmagym tüýs syýasy işdi. Rektor ýerli maslahatyň agzasydy we halkara hereketine işeňňir gatnaşýardy. Diwarlarda olaryň söýgüli sýužeti bolan — Amerikalylara garşy barnyşyksyz şygarlar asylgydy — hytaýly, atom bombaly amerikalyny yzarlaýar. Bu seminariýada okuwyň özüne gezek galanda, onda ol barada men hiç zat bilip bilmedim. Emma nähili bolsa-da, bir zat aýdyň: ol günbatarlylara garşy harby geýimlerine geýinendi, ony şu gün bütin Hytaý geýýär. Size dil bilmezlik päsgel berýärkä we siz terjimeçiniň gözi bilen seretmäge mejbur bolýarkaňyz, ol elbetde, size diňe oňat zatlary görkezmek islär. Bir gysga saparda ýurt barada näme bilip bolar? Siz özüňiz bilen, megerem, diňe öz hususy duýgularyňyzy alyp gidýärsiňiz. Olaryň köpüsi oňaýlydy: arassalyk, gedaýlaryň bolmazlygy, rikşalar (iki tigirli araba özüni goşup, ýük we ýolagçy daşaýan adam), halalçylyk. Olaryň birnäçesi gynandyrýardy: äpet, iş ýeri doly naharhanalaryň işgärleri, olarda men ýeke-täk naharlanmaga barýan adamdym, boş köçeler, olarda diňe men maşynly barýan ýalydym, ol ýerde meniň maşynymyň barmazyndan köp wagt öň poliseýler pyýada barýanlary duruzýardylar. Birnäçe duýgy diýseň elhençdi. Bir gezek irden säher wagtyndaky reýs bilen Nankinden uçmalydym. Ol ýadymda. Men myhmanhananyň otagynda geýinýärdim. Şol wagt köçede gykylyk eşitdim. Penjiräniň öňüne ylgap bardym, men aşakda — meýdançada ýüzlerçe erkek adamlary, aýallary we çagalary gördüm. Olar haýsydyr bir harby maşklary ýerine ýetirýärdiler. Ir säher çagy, fabrikler we mekdepler açylmazyndan ozal, bütin ilat ýöriş geçýärdi, gygyrýardy, aýaklaryny öňe atýardylar we dürli çylşyrymly hereketleri edýärdiler. Man taksili meýdançanyň ýanyndan geçip barýardym. Bu ýerde ähli eller meni günäläp, maňa barmaklaryny uzadýan ýaly görünýärdi. Uçarda men bu duýgulary ýadymdan çykarjak bolup synanyşdym. Emma bu adamlaryň gözleri meni yzarlaýardy. Men hakykatdan-da öz watandaşlarym bilen bilelikde olaryň öňünde nämedir bir zatda günälimikäm? Eger-de biziň garaýşymyz hytaýlylary Günbatara duşman eden bolsa, onda bu betbagtlyk bolardy, eger-de olary Hudaýyň duşmany eden bolsa, onda bu üstüni dolup bolmajak ýitgi bolýardy. Men kommunanyň ýolbaşçysynyň hemme sözlerini ýadyma saldym. Ol meniň ýygnaklary görmek islegime şeýle jogap berdi. «Ser, kommunalarda siz ýygnaklary tapmarsyňyz, — diýip, ol buýsanç bilen aýtdy. — Görüşiňiz ýaly, din güýçsüz adamlara gerek. Biz Hytaýda indi güýçsüz däl». Dynç güni ir sagat sekizdi, men Pekiniň myhmanhanasynda ýolbelede garaşyp otyrdym. Bir sagat öňünçäsi men oňa: «Şu gün men ýygnaga gitsem diýýärin» diýdim. Ol kömek etmäge söz berdi, emma Pekinde işleýän ybadathanalaryň örän azdygyna, has beteri protestantlaryňkynyň azdygyna meni ynandyrdy. Ýarym sagat geçdi. Eger-de, ol häzir gelmese, men ertirki gulluga gijä galaryn. Emma edil dokuz bolmanka, ol dolanyp geldi we onuň dabaraly ýüzi hemişe ýylgyrma bilen ýalpyldaýardy. Ol: «Ser! — diýdi. Meniň üçin diýseň geň we üýtgeşik zat tapan ýalydy. — Men siziň ybadathanaňyzy tapdym. Ýörüň meniň bilen». Kiçijik ybadathana mähirsizdi we betgelşikdi. Meniň ýolbeledim içeri girmekden boýun towlady, men oňa geň galmadym. Men ýeke özüm posly demir derwezeden geçdim we uly boş otagda peýda boldum. Bütin otagyň içinde diňe iki sany tegmil bardy: aýallaryň birisiniň egninde gyzyl žaket (kiçijik daşky aýal geýimi) bardy, kafedranyň ýanynda bolsa, gyzyl hytaý baýdagy durdy. Men yzda, haçan-da haýsydyr bir kempir gydyrdyklap, ylgap kiçijik sazlaşyksyz pioninanyň ýanyna baranda we çalyp başlanda, edil şol pursat oturdym. Ol XIX asyryň iňlis aýdymyny ýerine ýetirýärdi, ol bu ýerde, Hytaýda örän geň eşidilýärdi. Men ybadata gelenleriň elli altysyny sanadym we heniz altmyş ýaşy dolmadyklaryň içinde ýeke özümdigim hakynda oýlandym. Köse sakgal, garry, kütelişen suwly gözli ýerinden turdy we wagyz okap başlady. Wagza gelenleriň köp bölegi ýatyrdy. Ynamyň inçejik sapagyny saklaýan bu garry adamlara meniň ýüregim awady, wagyzçy bu ynamy olara örän öň getiripdiler. Emma eger-de oňa diňe garrylar ynanýan bolsalar, onda bu ýurtda Injiliň nähili mümkinçiligi bar? Eger-de ol her çatrykda düýnki imperiýa bilen birleşýän bolsa, onda mende nähili mümkinçilik bar? Meniň ýolbeledimiň köçede galanyna begendim. Men oňa mesihçilikden başga has beýik we ajaýyp zadyň ýokdugyny subut etjek bolýardym. Emma bu ybadathana meniň aýdanlarymy tassyklap bilermidi? Haçan-da men ybadatdan soň, onuň ýanyna çykanymda, men şeýle pikir etdim: eger-de bu jemgyýet häzirki zaman hytaý mesihçiligini hakyky görnüşde ýagtylandyrýan bolsa, onda hökümet ony örän ýeňil, gutarnykly basyp ýatyrar. Onuň üçin uly güýç sarp etmeli bolmaz. Men Hytaýdan agyr duýgy bilen gaýtdym. Hökümetiň Mukaddes Kitaby äsgermezlik etmegine mende ýeke ynam bardy. Emeldarlar Injilleri daşary ýurtdan getirmegiň öňüni almak üçin, hiç hili synanyşyk etmeýärdi. Sebäbi olary satmaga we çap etmäge olaryň özleri rugsat berýärdi. Olar göz-görtele Injilleriň gymmatyny pese düşürýärdi, belkäm, edil şonuň özi, Hudaýyň bize berýän mümkinçiligidir. Mukaddes Ruh Injili güýçli ýarag hökmünde ulanýar, men ony öz hususy tejribämde gördüm. Bu kitaby men okap, özüm ýöne ýüzlendim ahyryn. Emma ondan başga-da Mukaddes Ruha Hytaýda ruhy joşgunly, berlen adamlar gerek bolýardy. Hatda şeýle ýüzleý sapar XX asyryň ikinji ýarymynda bu adamlaryň Günbatar bilen bolmaly däldigini maňa görkezdi. Hytaýlylara gulluk etmek üçin, Hudaýa hytaýlylaryň elleri we sesleri gerek. Şoňa görä, Gollandiýa dolanyp gelenimden soň, Korriniň, Hansyň we Rolf bilen Eleniň dilegleriniň üstine ýene birini goşdum. Biz nähili bolsa-da bir ýagdaý tapyp, hytaýly mesihileriň bize goşulmaklary üçin dileg edip başladyk we olar öz ýurtlarynda şol gullugy alyp barsalar, taryh ony biziň üçin ýerine ýetirip bolmajak ýaly eder. Ýigrimi birinji bap UMYTLARYŇ ON IKI RESULY Şol wagtyň özünde, diňe Hytaýda işlemek üçin däl, eýsem beýleki ýerlerde-de işlär ýaly toparyň agzalaryny köpeltmegiň gerekdigi bize aýdyň boldy. Eger-de biz ýurtda söýginiň we aladanyň wadasy bilen görünsek, onuň az peýdasy bolar, soňra bolsa, biz barada hiç kim eşitmez. Biz hemme kommunistik döwletlerine yzygiderli ýokary maksat bilen, ýygy-ýygydan, iň bolmanynda ýylda bir gezek barmak isleýärdik. Iki bolup barmak oňat bolardy, sebäbi ýeke-täk wagyzçydan iki bolanyň gowy görünýär. Emma bu arzuwlary durmuşa geçirmek üçin, gerekli sandaky hyzmatdaşlary nireden tapjak? Meýletinleri tapmak bize beýle kyn däldi, iş onda däl. Biziň her gezekki çykyşymyzdan soň, adamlar öz kömeklerini teklip edýärdiler. Hudaý tarapyndan bize iberilen adamy tapmak gerekdi, mesele şondan ybaratdy. Waka gözleýänleri we ýöne bilesigelijileri bölmäge synanyşyp, men ýygy-ýygydan şeýle diýýärdim: «Haçanda perdäniň aňyrsynda siziň gullugyňyz başlaýan badyna meniň bilen aragatnaşyk saklaň, onsoň göreliň, birlikde işläp bilerismi?» Bir gezek şeýle hem boldy. Men Markus atly ýaş gollanddan hat aldym. «Bilmeýärin, siziň diýen sözüňiz ýadyňyza düşýärmi, siz onuň bilen Uelsdäki Sounsi Injil kollejinde çykyş edipdiňiz, — diýip ol ýazýardy. — Siz şeýle diýdiňiz: Haçanda siz Demir perdäniň aňyrsynda işläp başlanyňyzda bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada biz gürleşip bileris diýipdiňiz. Ine-de, men şu ýerde. Şoňa görä-de, geliň gürleşeliň». Hat bukçasynyň ýüzünde Ýugoslawiýanyň möhüri bardy. Men Körra: «Muňa seret-le!» — diýdim. Ol Markusyň hatyny okady. Be, bu adam biziň bilelikdäki işimiz üçin niýetlenen bolmalymy-ka? Eger-de ol ýene-de bize hat ýazsa, biz onuň teklibini çynlakaý kabul ederis diýen karara geldik. Birnäçe aýdan soň, biz ýene-de Markus barada eşitdik. Ol Ýugoslawiýa ikinji gezek gelipdir. Ol Ýugoslawiýadan üçünji hatynda, siziň şertlerimizi ýerine ýetirdim diýipdir. Indi ol biziň bilen düşünişmek isleýär. Bir gezek Ýoppi iş otagyma ylgap geldi, ol ýerde men ozaldan gelýän hat–habarlar meselesini çözmäge synanyşýaryn. «Kaka, Markus geldi». Men stoluň başyndan çalt turdum we basgançaklardan aşak ylgadym. Men ony gören badyma haladym. Bir käse kofeniň başynda ol özüniň Ýugoslawiýada gören wakalary barada gürrüň berdi. Ol edebiýat ýüki bilen gidipdir, olary ol dükanlaryň tekjelerinde ýa-da seýilgähleriň oturgyçlarynda goýuşdyrypdyr. Soňra olaryň ýanynda durupdyr we haçan-da adamlar geçende, olar bilen gepleşip başlapdyr. Bu diýseň bähbitliligiň ýürek gysgynçlygydy diýip, ol boýun aldy, emma ol öwrenýärdi. «Rolf bilen seniň gitmegiňe rugsat bersem diýip men pikir edýärin, — diýdim. — Ol seni birnaçe çopan we ýygnaklaryň agzalary bilen tanyşdyrar. Markus, olar bilen gepleş. Dolanyp geleniňden soň, sen olar bilen işlemegiňi dowam etdirip biljegiňi aýdarsyň». Rolf Markus bilen üç hepdeläp Ýugoslawiýada we Bolgariýada saparda boldular. Olar dolanyp gelenlerinden soň, men ondan biziň komandamyzyň agzasy bolmak isleýärmiň diýip Markusdan soramak gerek bolmady. Bu soragyň jogabyny men onuň ýüzünde gördüm. Ol: «Men hemmesini başga hili göz öňüne getirýärdim» — diýdi. Şeýlelik bilen, Markus biziň kiçijik toparymyza goşuldy. Emma onuň gelmegi bilen, işiň möçberiniň azalmaýandygy bize mälim boldy. Tizara biziň hemmämiz öňkülerden hem has köp sapara gitmeli bolduk. Markus biziň toparymyza goşulandan iki aý geçenden soň, biz Hans bilen Ýewropada Täze dünýäniň ýeke-täk kommunistik ýurduna ugradyk. Biz Kuba wiza alanymyzda, Çehoslowakiýada işleýärdik. Bu Hansyň Amerika ilkinji saparydy. Sowuk we tukat Praga bilen bizi yssy gün we gözüňi gamaşdyrýan ak jaýlar garşylady. Adamlar şadyýandy we oňat geýnüwlidi. Awtobusda aeroportdan Gawana barýan ýolda birnäçe wagtdan soň, ýolagçylaryň hemmesi aýdym aýdyp başlady. Hans göni adanyň gündogaryndaky Oriýente welaýatyna ugrady, men bolsa paýtagtda galdym we «Gawana Libre» myhmanhanasynda ýerleşdim. Haçanda men polisiýa bölüminden adaty çakylygy alanymda, geň görmedim. Şonuň ýaly-da dälizde köp garaşanymy hem geň görmedim, sebäbi býurokratik ýurtlaryň hemmesi birmeňzeş. Polisiýa ofiseri meni görüp, hakykatdan-da hüžžerildi «Siz näme üçin bu ýere geldiňiz» — diýip, ýaramaz iňlis dilinde sorady ol. «Men Injili wagyz etmäge geldim» — diýdim. Onuň elinde meniň pasportym bardy. Onda Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň möhürleri durdy. Ol aç-açan çylşyrymly sebäbe şübhelenýärdi. Ol maňa köp sorag berdi, köp ýazgy etdi we ahyrsoňy myhmanhana dolanyp barmagyma rugsat berdi. Meni ýene dört gezek çagyrdylar, emma şeýle-de bolsa, men eýyäm wagyz etmäge başlapdym. Meniň adamlary ýygnaýan ybadathanam her niçik bolsa-da uludy. Bu owadan organly jaýdy, onda çopan we ýygnagyň resmi agzalarynyň ikisi bardy. Bir wagtlar bu ýerde köp adam bolan, emma diniň garşysyna bolan hereket dine ynanýanlary dargatdy. Şonda daşynda adamlar märekesi üýşýärdi, ybadat edilen mahaly gykylyk we sesi güýçlendirýänleriň şakyrdysy eşidilýärdi, ýygnaga poliseýleriň hatar aralygy bilen piýada ýol bilen gitmeli bolýardy. Ilkinji agşamyň özünde meni diňlemäge kubalylaryň otuz bäşisi geldi. Ikinji agşam ilkinji otuz bäşisi dolanyp geldi, üçünji, dördünjide altmyşysy, ondan soň bolsa, ýüzden köprägi peýda boldy. Elbetde, «ynanýanlaryň» birnäçesi poliseýdiler, emma olaryň meni diňleýändikleri üçin men begenýärdim. Men Injiliň wagyz-nesihatyny ödemek üçin, örän yhlas edýärdim we syýasatdan daşda durýardym. Emma bu içindäki çäklenmeler poliseý döwletleriniň her biriniň meňzeşligi üçindi, beýleki azatlyklaryň — ýygnak azatlygy, ondan-oňa gelip-gitmek we öz pikiriňi arkaýyn beýan etmeklik beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, nirede kommunistik düzgün ozal ornaşan bolsa, ol Kubada-da bardy. Men oňa geň galýardym. Soňky hepdeler men Gawananyň töweregindäki etraplara gitdim we bir güniň dowamynda ýygnaklarda köp gezek çykyş etdim. Adam sanynyň has köpüsini toplaýardym, käwagtlar olar alty ýüz adama ýetýärdi. Men iňlisçe gepleýärdim we hemişe terjimeçi tapýardym. Biz Hans ikimiz biri-birimiz bilen hemişe telefon arkaly aragatnaşyk saklayardyk. Oriýentde poliseý gözegçiligi zabundy, adamlar bolsa, Gawana garanyňda has gorkakdylar diýip gürrüň berýärdi. Ol ýerde amerikan bazasy ýerleşyän eken. Biz Hans bilen ilkinji nobatda gollanddygymyzy adamlara habar berjek bolup yhlas edýärdik. Bu olar üçin uly ähmiýete eýedi. Kubada amerikalylaryň garşysyna alnyp barylýan çäreler barha tutaşýardy. Hatda ýygnaklarda günbatarly adamlara bolan gatnaşygy ýütgeşikdi. Hökümet Kubadaky protestant ýygnaklarynyň köp bölegi amerikanlar tarapyndan esaslandyryldy diýip, şol hakykaty aýratyn bellemek üçin yhlas edyärdi. Şeýle bolsa-da, katolik hem-de protestant ýygnaklary täze düzgünlerde hem bir meňzeş ýagdaýda eken, köplenç esasan-da ýolbaşçylar ejir çekýärdi. Ruhanylar we hyzmat edijiler önüm öndürmeýän jemgyýetiň agzalary diýlip atlandyrylýardy. Olara azyk we geýim almaga talon berilmeýärdi, esgerlikde gulluk edip bilmeýänler öňünden bellenýärdi we olary tiz-tizden zähmet batalýonlarynda zähmet çekmäge mejbur edýärdiler. Şeýle toparlara neşekeşleri, gomoseksuallary (bir jynsdan bolan adamlar arasyndaky tebigy bolmadyk jyns aragatnaşyklary), jenaýatçylary toplaýardylar we olary ruhanylar bilen birlikde meýdana şeker çiňňirigini ýygmaga iberýärdiler. Nähili bolsa-da, bu batyr adamlaryň köp bölegi öz postlarynda galýardylar. Ýygnaklar hemmeler üçin açykdy: ruhy açlyk äpetdi. Hemme ýerde Hans bilen çykyş edenimizde köp adam ýygnanýardy. Bizde näme bolup geçýänini görmek üçin, keseki adamlar penjirelerden we gapylardan seredyärdiler. Biziň göwnümize bolmasa, käwagtlar gowusy, umuman, ybadathanalarda ýygnak geçirmeli däl ýaly görünýärdi. Bir gezek, men ummanyň üstündäki gaýada otyrdym we uniwersitetiň talyplarynyň bir topary bilen gürrüň geçirýärdim, şol wagt aşakdaky ýolda, «jipde» ýaragly esgerleriň mydam eýläk-beýläk geçýänleri ýadyma düşýär. Biz haýsy ýere barsak-da, hemme ýerde — biziň baran kommunistik ýurtlarymyzda Hudaýa ynanýanlaryň yzarlanýandyklary barada soraýardylar. Olar dürli soraglary berýärdiler, olar wakalaryň hemme esasy ugurlaryndan habarlydyklaryny görkezyärdiler. Olary Nýu-Ýorkdaky Deýwid Uilkersonyň ýetginjekler merkezi, şu wagt Billi Gremiň nirededigi, Hudaý öli diýip yglan edýänleriň nähili guramadyklary gyzyklnandyrýardy. Ine, şeýdip biz Kuba hat aragatnaşyk serişdeleri arkaly hatda Birleşen Ştatlaryndan wagtly-wagtynda çap edilýän dini ýaýratmalaryň gelýändigini bildik. Biziň bu ýurda gelmegimizden birnäçe aý ozal Kastro kim ýurdy terk etmek islese, olaryň hemmesine rugsat bermäge öz kararyny yglan etdi. Ýüz müňlerçe adam isleg bildirýänleriň sanawyna ýazyldy. Ýöne Kubadan uçarlaryň ikisi uçýardy. Adadan sanawa ýazylanlaryň diňe şol dokuz ýüz müňüsini çykarmak üçin on ýyl gerek bolardy. Şol wagtyň özünde, ýurdy terk etmäge nobata duranlar, iş ýerini, jaýyny we hususy eýeçiligini ýitirýärdiler. Nähili bolsa-da, her gün bir ýüz togsan adam Kubany terk edýärdi, beýlekiler bolsa, özleriniň nobaty tiz ýeter diýip berk ynanýardylar. Gitmäge öz nobatyna garaşýanlara, hut şolara uly täsirimiziň ýetýändigini duýýardyk. Gündogar Ýewropadaky ýaly, onuň ýurdy bela-beter wagtyndaka, biz öz diňleýjilerimize mesihileriň ykbaly barada oýlanmaga çagyryş edýärdik. Gaçmalymy ýa-da galmaly? 1965-nji ýylda Kubada durmuş ýeňil däldi. Emma, belkäm, olary şunuň ýaly ýerde we şunuň ýaly wagtda galdyrary ýaly Hudaýyň täsirli sebäpleri bar bolandyr? Belkäm, olar Onuň şypa beriji elleri, Onuň bu älemde wekilleri bolarlar. Bir gezek agşam men şunuň ýaly pikiri aýdanymda, oňat geýnüwli, gür gara murtly daýaw adam zaldan turdy. «Men metodist gullukçysy, — diýip, ýygnakda oturanlara ol aýtdy. Şeýle bolsa-da, soňky iki ýylyň dowamynda men dellekçi bolup işledim. Emma şu agşam Hudaý meniň bilen gepleşdi. Men gulluga dolanyp gelmäge taýýarlanýaryn. Men Onuň goýunlaryny taşlan çopan, emma indi men olara dolanyp gelýärin». Birden görlüp-eşdilemdik nämedir bir zat başlandy. Ýygnakdakylaryň hemmesi onuň ellerini gysyp başladylar. Men begenç seslerini, agyny we: «Gracias, pastor?» diýen gykylygy eşidýärdim. Biz şunuň ýaly ýagdaýy köp gördük. Maşgalalaryň biri eýýäm köpden bäri garaşýan uçar biletini satyn almaga taýýarlanýardy we iki hepdeden soň olar uçmalydylar. Emma biziň duşuşygymyzdan soň, olar galmaly diýen pikire geldiler. Olar: «Indi Kuba — biziň wagyzçylyk meýdanymyz» — diýdiler. Biz Gawanadan uçara münemizde, Kuba biziň wagyzçylyk meýdanymyz bolandygyny biz Hans bilen eýýäm bildik. Bu ýurt hemmeler üçin oňaýly açykdy, bu ýerde erkana Injili, dini kitaplary, umuman, islän edebiýatyňy satyn alyp bolýardy. Bu ýurtda kiçijik ruhlanýan uçgun, sahy we joşgunly latyn ýüreklerde wepadarlygy we gaýduwsyzlygy alyp berýärdi, söýgi oduny ýakýardy. Kubada bolanymyzyň soňky ýyly biz kommunistik düzgüniň berk gözegçilik edýän ýurduna ahyry rugsatnama aldyk. Ol ýere barmak örän kyndy, baranyňda-da kimdir biri bilen aragatnaşyk saklamak juda agyrdy. Biziň ruhdan düşmegimiz üçin bize bütin üstünligimize ynanýan şatlykly dünýägaraýyş gerek boldy. Men, elbetde, kiçijik Albaniýa barada gürrüň edyärin. Biziň toparymyz bu ýurda barmaga mümkinçilik alanda, men Sibiriň uzak ýerlerindedim. Fransuz syýahatçylyk agentligi ilkinji gezek häzirki zaman taryhynda Albaniýa iki hepdelik syýahaty gurnady. Tolf bilen Markus bu syýahata gollandiýaly «mugallymlar» hökmünde goşuldylar. Olar özleri bilen Injili alyp gitmediler, sebäbi mundan birnäçe ýyl ozal alban Injiliniň çap edilmändigini umuman, biz bildik. Ondan başga-da Injili çap eder ýaly, alban dili hem ýokdy. Bir ýarym million adamly kiçijik ýurtda iň bolmanda doly suratda üç dürli şiwe gepleşigi bardy: şkiptar, ger we tosk. Ýurtda rim-katolik ybadathanalarynda bar bolan ýeke-täk Injil latyn dilindedi, prawosalwlaryňky bolsa, grekçedi. Ýurtda ýaşaýanlaryň galanlary musulmanlardy. Amerikan Injil jemgyýeti şkiptar dilinde Injiliň olarda bardygyny bize habar berdi. Ol 1924-nji ýylda terjime edilipdir we olaryň kitaphanalarynda ýerleşýärdi, başga nusgalarynyň saklanyp galmandygyna meňzeýärdi. Rewolýusiýadan soň, alban dilini döretmegiň synanyşygy boldy, emma bu meýilnamalara täze Injiliň çap edilmägi gerekdigine biz umyt edip bilmeýärdik. Rolf bilen Markus hemme üç alban dialektiniň Mukaddes Kitaplaryndan bölekleri özleri bilen alyp gidipdiler. Gümrükçiler olaryň çemodanlaryny açmansoňlar, olar üçin aýratyn şowuna bolandygynyň jogabyny tapdylar. Albaniýada her hili neşir edilen makalalary getirmegi gadagan edyän berk kanun bardy, ondan hem başga olaryň mazmuny hiç bir ähmiýete eýe däldi, sebäbi bularyň hemmesi «wagyz» hasaplanýardy. Markus bilen Rolf serhetde olaryň edebiyatlary konfiskasiýa ediler diýip ynanýardylar. Şonä görä, öz ýükleri bilen Tirananyň myhmanhanasynda ýerleşensoňlar, olar özlerini ruhubelent duýdular. Emma olar oňat zabun terbiýe berlen we kanuna boýun bolan albanlara kembaha garadylar. Olar iki hepdäniň dowamynda Mukaddes Kitapbyň böleklerini saklaýan birnäçe kitapçalary paýlamaga synanyşdylar. Emma albanlaryň hemmesi özlerini birmeňzeş alyp barýardylar — olar ellerini arkasyna atýardylar. Olar kitapçalary almaga beýlede dursun, hatda olara ýanaşmayardylar. Hatda katolik ýepiskopyna Rolf Ýahýanyň Hoş Habaryny berjek bolup synanyşanda, ol hamala göwnüne degilen ýaly öwrülip gitdi. Ahyrsoňy umytsyzlanyp, olar işeňňir şäheriň merkezi köçeleriniň penjire tekjesiniň birinde, ýolagçylar, mümkin, ýuwaş-ýuwaşdan olary dagydarlar diýen niýet bilen kitapçalaryň üýşmegini goýdular. Olaryň gorkusyna, indiki gün paýtagtdan togsan kilometr aralykda poliseýleriň ikisi olaryň yzlaryndan ýetdi. Bu wagt topar naharlanýardy. Poliseýler olaryň haýsynyň köçede kitaplary goýandygyny boýun almagyny talap etdiler. Gep bu ýerde «yz çalyjylaryň» ezberliginde, düşbüliginde däldi. Biziň oglanlarymyz özleriniň polisiýanyň nazaryna düşendiklerine şobada göz ýetirýärler: olar bu ýerde ýeke-täk daşary ýurtly topardy. Galan jahankeşdelerde boljak ýaramazlygyň öňüni almak üçin, Markus we Rolf eden etmişlerini boýun aldylar we özleriniň «syýasy» işlerini bes etjekdiklerine söz berdiler. Olaryň köçede goýan kitaplarynyň ýekejesini-de bir adam almady. Şeýlelikde, Albaniýadaky edebiýat bilen işleriň geljegini göz öňünde tutanyňda, olaryň syýahatynyň netijesi iňňän aňkaňy aşyryjy ýaly bolup görünjekdi. Bu saparyň beýleki tarapy — wezipeleri barada aýdanyňda bolsa, olaryň ikisi-de gülkünç ýagdaýda, gülkünç duýgular bilen dolanyp geldiler. Biziň gezelenç wagtymyzda sataşanlarymyzyň içinde albanlar iň kalby päk, iň mährem adam boldular. Olar şeýle-de öz baştutanlary Enwer Hodşa şeýle mähir-muhabbet bilen garaýardylar. Sebäbi Enwer Hodşa halkyň eşreti üçin zähmet çekýärdi we oňa halk ynanýardy. Bu kiçijik ýurt başga ýurtlar üçin gadym wagtlardan bäri söweş-döwüş meýdany bolupdy, bu meýdana kä türkler, kä italyanlar hojaýynçylyk edýärdiler, indi bolsa, ähtimal taryhda ilkiji gezek döwlete Albaniýanyň halkynyň bähbidini goraýan hökümet ýolbaşçylyk edýärdi. Ýöne eger-de yerli millet hytaýça gürläýeninde-de, Rolf we Markus adamlar bilen gowy aragatnaşygy ýola goýmak üçin özlerini şeýle başagaý halda duýmazdylar. Markus biraz italýan dilinde gürläp bilýärdi we bu dile düşünýän albanlar bilen gürleşerin öýdýärdi. Ýöne ýagdaý iňňän amatly ýaly görnende-de, gürleşmeklik asla mümkin däl ýaly boldy. Bu ýurtda hiç kim hiç zady bilmeýärdi, hiç kim hiç zada düşünmeýardi. Markus çola dälizde fabrik işçisine sataşyp: «Gadyrdan, sen bu ýerde köp wagt bäri işleýärmiň? — diýip ýüzlenýär. Ol bolsa düşürmeýän halda egnini gysyp: «Pylan zat diýmek kyn, jenap!» — diýýär. «Günüň dowamynda näçe sagat işleýärsiň?» «Aý her hili bolýar. Ýagdaýa görä-dä!» «Fabrikde näce adam işleýär?» Ol öňküden-de gaty ýyrşardy-da, ýene-de: «Kim bilýär? Ony kim sanapdyr?» — diýip eginlerini gysýar. Şondan soň, Markusda we Rolfda bu ýerde bilesigeliji, soranjaň daşary ýurtlara jogap bermeli däl diýen dilleşik bar diýen pikir döreýär. Diňe ýekeje gezek birnäçe ruhanylar bilen söhbetdeş bolnanda, bu päsgelçilikden sowlup geçmek başartdy. Ýöne şonda bolan gürrüňdeşlik seresaply sorag-jogaba öwrüldi. Möhümräkdir hasap edilen soraglara olar dymmak bilen oňdular. Bir ýaş katolik ruhany, olaryň düşünişine görä, olary görenlerine çynlary bilen begenipdirler, olaryň Günbataryň durmuşy barada tüýs ýürekden eşidesleri gelipdir we öz ýagdaýlary barada gürrün beresleri gelipdir. Maonyň diýdimzor syyasaty daşary ýurtlar bilen ähli aragatnaşyklary kesmäge mejbur edyänçä, onuň ýygnagy rim-katoliki ybadathana bolupdyr. Indi olar özlerini Milli katoliki ybadathana diýip atlandyrýardylar. Markus olardan: «Hökümet işgärleriniň size bolan garaýşy nähili? Hökümet size garaşsyzlyk berýärmi?» — diýip sorady. «Hökümet resmi taýdan dini işlere gatyşmaýar». «Diýmek, sizde wyždan azatlygy barda?» «Kanun boýunça, bar». «Siz münbere çykyp islän zadyňyzy aýdyp bilýärsiňiz-dä, onda?» «Men «hawa» diýmelidirin». Soňy-da şoňa meňzeş. Garasaý uzaga çeken, surnukdyryjy gümürtik gürrüňdeşlikde hiç bir zat aýdylmadam, şol bir wagtda ähli zat barada aýdyldam. Olar bu ýaş ruhanydan iňňän haýran galdyryjy täzelik eşidýärdiler we oňa kynlyk bilen ynanýardylar: grek prawoslaw ybadathanasynyň birinde täze, alban diline geçirilen Injil bar! Markus bilen Rolf özlerini derrew şol ybadathana eltmeklerini haýyş edýärler. Prawoslaw ruhanysy olary örän mylakatly garşylaýar. Hawa, onda-da Injiliň büs-bütin täze terjimesi bar eken. Ol ybadathananyň esasy ýerinde duran eken. «Näme, olar görmekçi bolýarlarmy?» «Hawa, elbetde». Ruhany olary gadym ötük bilen ýanaşyk hüjrä alyp gidýär. Olar ybadathana mümberiniň üstünde ýatan, gymmatly daş däneleri bilen bezelen äpet kitaby uzakdan görýärler. Birdenem, ybadathana münberine dört mertebe galanda, ruhany oslagsyz ýagdaýda saklandy welin, Rolf oňa büdräp gitdi. Sähel pursat olaryň dördüsi-de sessiz-üýnsüz ýokarlarynda lowurdap görünýän genji-käne garap durdular. Haçan-da ruhany yza öwrülip gaýtmakçy bolanda, Rolf: «Aý, meniň golaýyna barasym gelýär! Oňa seretmek bolyarmy? Maňa gatlaryny açyp, sahypalaryny görmek bolarmy?» — diýip, howlukmaç samyrdady. Ýolbelet onuň aýdanlaryny terjime eden halatynda, elheder etmekden ýaňa ruhanynyň gözleri petredi. Golaýyna barjak? Diňe ygtyýarly dini hyzmatkäre ýene diňe dört mertebe keramatly kitaba golaýlamak bolýar! Rolf: «Onda täze terjimäniň nämä geregi bar? Ruhanylar grekçe okap bilýärkäler, bu Injiliň nämä geregi bar?» diýip, mejalsyz hümürdedi. «O nähili nämä gerek, dabaralar wagtynda göterip çykmak üçin gerek! Adamlaryň oňa tagzym etmekleri, sežde etmekleri üçin gerek. Injil dagy nämä gerek bolsun? Hudaýyň Özüniň Albaniýanyň beýik halkynyň täze dilinde gepläp başlanyny bilenlerinde ynanýanlaryň göwünleriniň nähili teselli tapjakgyndan siziň habaryňyz barmy?» Şeýlelik-de, Rolf bilen Markus Injile uzakdan syn edip dolanyp geldiler. Olar üçin bu halkyň kalby syrlygyna galdy. Şol wagtyň özünde biziň Ýewropanyň beýleki ýerlerindäki işlerimiz güýjeýärdi: biz her aý öňki geçen aýdan köp seýrana giderdik. Elbetde, gidim–gelimiň sany artdygyça ygtybarsyzlygyň sanawyna düşmek howpu-da şonça artýardy. Biz şol bir adamlary şol bir ýere iki gezek yzly-yzyna ugratmazlyga çalyşýardyk. Eger-de birinji gezek gidenleriň ikisi-de erkek adam bolan bolsa, indiki gezek birini erkek, birini bolsa zenan maşgala ugratjak bolýardyk. Şeýlelikde, 1966-njy ýylda Russiýa Rolf bilen Elena gitdi. Bu ýurda jahankeşdeleriň gelmeginiň artmagy bilen, ygtyýarsyz harytlaryň getirilmegi-de artdy, şonuň üçin-de gümrükçileriň sany üç esse köpelýär. Gazetler ýygy-ýygydan kanuny bozup, tutulanlar, jerimeler we türme tussaglygyna salnanlar baradaky habarlary çap edýärdiler. Bu gezek Rolf bilen Elena «Opel» maşynynda Injiliň köp mukdaryny alyp gitdiler. Olaryň ugramazynyň öň ýanynda Korri ikimiz olar bilen uzakly gije dileg etdik. Men: «Ýatda saklaň, ele düşenleriň hemmesi diňe paýhaslaryna bil baglanlardyr. Belki-de, olaryň bir ýaramaz pirim-pikirleri bolandyr. Ýigrenç, göriplik we husytlyk iňňän agyr beladyr. Sizi söýgi-mylakat saklaýandyr. Siz özüňize we öz mekirligiňize buýsanmaga derek, özüňiziň başarnyksyzlygyňyzy, gowşaklygyňyzy boýun alarsyňyz-da, ol babatda Hudaýyň — Ýaradanyň ýardamyna bil baglaýarsyňyz» — diýdim. Rolf soň biziň howp baradaky gümanymyzyň dogry çykandygyny gürrüň berdi. Serhede baranlarynda olary howpsuzlyk gullugynyň bir däl-de, alty ofiser barlapdyr. Rolf olaryň pikirlerini garjaşdyrmagyny diläp, Hudaýa dileg et diýip Elena ýüzlenýär we biz serhetden gowy geçýänçäk dileg etmegiňi kesäýme diýip tabşyrýar. Olar nobata durýarlar. «Salam» diýip Rolf olara gadyrly ýüzlenýär. Ol maşyndan çykýar-da, maşynyň öňünden aýlanyp, Elenanyň gapysyny açyp bermäge barýar. Ofiserleriň biriniň elinde bir kagyz bardy. Rolf bilen Elena bolsa, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda özleriniň toý-bal aýlaryny nähili täsin geçirendikleri barada özara mesaýy gürrüň edişip otyrdylar. Elinde kagyz saklap duran ofiser: «Nähilem bolsa, by ýere gelşiňiz birinji gezegä däl eken» — diýýär-de, ol elindäki kagyzyň ýüzünden Rolf ikimiziň soňky gezek Russiýa gelenimizde bolan şäherlerimiziň adyny birin-birin okaýar. Bu ýagdaý Rolfy uly alada goýdy. Bu barlag hiç haçan gutarmajaga döndi. Ofiserleriň ikisi maşynymyzyň içini gözden geçirýärdi, galan üçüsi bolsa, maşynyň daşyndadylar: olar motory, maşynyň tigriniň galpaklaryny barlaýardylar. Olar aýnalary açyp ýapdylar, maşynyň böwürlerine kakyşdyrýardylar. «Olaryň pikirini garjaşdyr». Barlagyň bütin dowamynda ofiserleriň biriniň barlaga gatnaşman, bar ünsi Rolf bilen Eleniň ýüzlerine jiňkerilip seretmek bolýar. Bu iňňän inçelik bilen edilýän psihologik barlag täridi. Ofiser ol garaýşy bilen köp zada — ýalanmy, çyn gülkimi, ýasama gürrüňdeşlikmi, maňlaýlara örýän der düwmelerimi, garasaý, köp zady äşgär edip bilýär. Gümrükçileriň biri arabanyň içinden eplengi duran çadyry çykarjak bolanda, Rolf oňa: «Men kömek edeýin!» — diýip ýüzlendi. Ol ýük goýulýany özi açdy, ätiýaç tigirleri çykardy, howa süzgüjiniň gapagyny aýýrdy. Bu wagtyň tutuş dowamynda Elena Hudaýa dileg edýärdi. Barlagçylar barlagy ahyry bes etdiler, sebäbi baralara hiç zat ýokdy. Eli kagyzly adam Rolfuň ýanyna geldi-de: «Siz Russiýada birnäçe hepde mundan öňem bolup gidipsiňizä! Näme üçin bu ýere beýle ýygy-ýygydan gelýärsiňiz?» — diýip ýüzlendi. Rolf çadyry dolap durşuna maşynyň üstüne egildi-de: «Näme diýseňizle, dostum ikimiz gelenimizde Siziň ýurduňyzy şeýle haladyk, şonuň üçin Siziň ýurduňyzy aýalyma-da görkezeýin diýdim. Meniň ýygy gelmegimiň ýene-de bir sebäbi bar. Biz rus halkyny gowy görýäris. Aşa gowy görýäris» — diýdi. Ofiser Rolfyň içini biljek bolýan ýaly, oňa seretdi. Emma maşyndan hiç zat tapmadylar. Şonuň üçin ol Rolfa resminamalary gaýtaryp berdi-de, keýpsizlik bilen geçelgäni açmaga yşarat etdi. Rolf we Elena bu bolan zatlara ynanmajak boldular. Serhetden daşlaşyp, olar hem agladylar, hem güldüler. Çünki olaryň maşynda ýüzlerçe Injiliň başy bozulman galypdy. Gümrükçiler olaryň pyçak arka bäri ýanyny agtaryp — dörüpdiler. Ýöne kitaplar şeýle bir gizlengidi weli, onuň ýaly işi hiç kim başarmaz diýdirýärdi. Munuň beýlekilerden tapawudy nämededi? Rolf we Elena ol tapawudy bilýärdiler. Biziň toparymyza goşulandan bir ýyl soň Markus-da öýlendi. Şeýlelikde, biziň sanymyz ýedä ýetdi: Korri bilen men, Rolf we Elena, Markus we Paula hem-de sallah Hans. Soňra biziň işimize Klas we Eduard aýallary bilen goşuldylar. Klas we Eduard Gollandiýanyň günortasynda mekdep mugallymlarydy. Klas fransuz dilinden, Eduard bolsa, hasapdan sapak berýärdiler. Günleriň birinde, biziň çykyşymyzdan soň, olar aýallary bilen biziň öýümize geldiler. Olaryň köp soragy bardy. Olar biz bilen işlejekdiklerini aýtmadylar. Olar kalplarynda ikirjeňleme galdyrmazlyga Hudaýa pursat berip, öz isleglerini gizlinlikde sakladylar. Meniň bu dört adama gözüm düşen badyna, olaryň biz bilen işlejekdiklerini aňdym. Her niçik-de bolsa, men olara mekdepdäki işiňizi taşlaň-da, aýlyksyz–günlüksiz, köp howpdan hem uzak saparlardan ybarat bolan biziň işimize girişiň diýip biljek däldim. Men bu duşuşygy Hudaýyň özüniň miýesser edenligine janym bilen ynanýardym. Şonuň üçin-de, öz umyt–islegimi Korriden başga hiç kime aýtmadym. Netijede bizem, olaram şol bir zat barada Hudaýa dileg etdiler, ýöne birek-birege zor salynmazy ýaly öz ýürek arzuwyny-da birek-birege aýtmadylar. Hudaýyň jogaby, özi-de oslagsyz ýagdayda birnäçe aýdan soň gelip gowuşdy. Günleriň birinde Klas we Eduard hat alýarlar. Mekdep direktory eger-de olar fransuz dili we hasap derslerinde Injili okatmagy bes etmeseler, eger-de olar agşamlaryna okuwçylary öýlerine dileg etmeklik ýygnanyşygyna ýygnamagy bes etmeseler, şu okuw ýylynyň ýarymynyň ahyrynda olaryň mekdepden gitmeli boljakdyklaryny duýdurypdyr. Ilki Klas bilen Eduardyň keýpine sogan dogralýar. Ene-atalardyr okuwçylaryň arasynda bularyň uly abraýy bardy. Bu habar bize ýetende, menem gynandym. Şeýle ýagdaýlarda mesihiler näme etmeli, men şoňa akyl ýetirjek bolýardym, bularyň «injilli» gürrüňi diňe agşamky üýşmeleňi ýatlamakdan başga zat däldi ahyry, özi-de ol gürrüň mekdebiň çäginden daşarda geçirilýärdi!? Birdenem men oňa düşündim. Men: «Korri! Korri, haýran galdyryjy täzelik bar!» — diýip, ony çagyrdym. Korri aşhanadan ylgap geldi: «Näme habar?» «Klas bilen Eduardy işden çykarýarlar!» Korri ilki men oýun edýändir öýtdi. Soňra-da onuň oýun däldigine düşündi. Elbetde! Bu Klas bilen Eduardyň biz bilen bile işlemegi üçin Hudaýyň salgy beren ýoly dälmi? Edil şol hepdäniň özünde biz mekdebe gitdik we olaryň ikisine-de biziň toparymyzyň agzasy bolmaklary üçin köp wagt bäri Hudaýa edendigimizi gürrüň berdik. Klas we Eduard birek-birege seredişdiler-de, gülüşdiler. Soňra olar geçen şu aýlaryň içinde bize birleşmek üçin mekdepden gitmelimi ýa ýok, Hudaý özüň salgy ber diýip, dileg edendiklerini gürrüň berdiler. Bu habar meniň üçin iň gowy täzelik boldy. Eduard: «Meniň diňe bir zady sorasym gelýär!» — diýdi. «Ýeri näme, Ed?» «Dünýäde meniň iň gowy görýän işim hat-petekleri seljermeklik we işleri gurnamaklyga gatnaşmaklyk!» — diýdi-de, soňra misli meni ynandyrjak bolýan ýaly sözüniň üstüni ýetirdi: «Men jogapkärçilikli we işini kemsiz berjaý edýän adam, men bu işi örän eý görýän. Nähili pikir edýäňiz, maňa edarada işlemek bolarmyka?» Men Korriniň ýüzüne seretdim. Ol zordan gülmän saklanýardy. Şeýle bir hatlaryň köp toplanan pursady bolupdy welin, hut hat toplumlarynyň içinde birnäçe hepdeläp kofe käsämiz ýitip gidipdi. Biziň doga-dileglerimizsiz Hudaýyň özi muňa jogap tapdy. Men: «Aý näme, Eduard, biz seniň bu soragyňy-da çözüp bileris öýdýän!» — diýdim. Toparymyzyň on ikinji agzasy — üýtgeşik ýigit: ol misli köp adamdan toplanyp ýasalan ýalydy. Haçan-da biz Ýewropadan we Amerikadan bolan dürli adamlar bilen söhbetdeş bolan wagtymyzda, bizden hemişe «Siz bilen ýekeje gezek bir sapara gidip bolarmyka?» — diýip soraýarlar. Biz şonuň ýaly haýyşlar üçin-de dileg edýärdik. Biz, belki, hakykatdan-da öz toparymyza wagtlaýyn işgärleri goşaýmalydyrys diýip oýlandyk. Günleriň birinde synag üçin biz «Hawa, bolýar» diýdik hem şeýle hyzmatdaşlygyň iňňän peýdaly boljakdygyny äşgär etdik. Şeýle iş usulynyň biziň ençeme ýyllaryň dowamynda kämil bolan işimizi başga birine gysga wagtda öwretmäge mümkinçilik berýärdi. Ol adamyň toparymyzdaky bize işeňňir kömeginiň gerekliginiň gutaran güni, ol biziň işimiziň rowaçlygynyň dilegçisine öwrülýärdi. Ýöne şeýle hyzmatdaşlygyň iň bähbitli hem iň garaşylmadyk tarapy, biziňki ýaly iş toparlarynyň beýleki ýurtlarda-da döräp hem işläp başlamagy boldy. Biz öz toparymyzy ýetjek derejesine ýetdi hasaplaýarys. Biz gurama öwrüldik, biz aýry-aýry adamlaryň, bir-birini iňňän ýakyndan tanaýan, bir-birek barada tüýs ýüreginden alada edýän, birek-birege sarpa goýýan agzybir adamlaryň işeňňir hereketde bolan birleşmesi, şonuň üçin-de olara düzgünnamanyň ýa-da görkezme bermäniň geregi ýok. Biziň toparymyzyň az sanly bolanlygy üçin, toparyň islendik agzasy her gün öz ýoldaşlary üçin, hemmeler üçin bir ýa-da her biri üçin aýratynlykda olaryň şahsy zerurlygynyň berjaý bolmagyny üçin dileg edip bilýärdi. Her bir adam öz öňünde goýan anyk borç–wezipesini berjaý edip, Beýik Hudaýyň rehimdarlygynyň golaýlamagynyň hatyrasyna zähmet çekmäge çagyryşyň ýaňlanýan halatynda näme üçin şeýle toparlaryň ýigrimisiniň, ellisiniň, ýüzlerçesiniň döreýän ýerinde kömek etmeli däl? Wagtlaýyn gatnaşyjylaryň işiniň ähmiýeti-de şondady. Şeýle adam tanyşlyk saparyna gidip gelenden soň, şeýle işiň mümkindigine we zerurdygyna çyny bilen ynanyp öýüne barýar. Şotlandiýada Duaýt Moodi tarapyndan esaslandyrylan Injil institutynyň bir talyby: «Men gaýdyp gelenimden soň, iki aýlap hiç zat barada gürläp bilmedim. Şu gulluk barada ýene üç talyp gyzyklanma bildirdi we biz indi öňdäki tomusda Ýugoslawiýa gitmäge hyýal edýäris» — diýip, gürrüň berdi. Wagzçylary taýýarlamaklyk biziň işimiziň möhüm tarapy boldy. Emma wagtlaýyn gatnaşyjy hökmünde adamlary alanymyzda, biz olardan iki şerti berjaý etmegi talap edýäris. Biziň talabymyz şulardan ybarat: olaryň her biri Hudaýa ýüregi bilen berilmeli we Mukaddes Ruhuň merhemeti bilen işlemegi öwrenmeli. Biz kommunistler bilen iş salşylan wagtynda adama ýaramaz göz bilen garamazlygyň zerurdygyny nygtaýarys. Eger-de adam haýsydyr bir hökümeti halamaýan bolsa, eger-de ol kommunizmiň nogsanlyklary barada köp gürleýän bolsa, onda biz «bu esger öňde duran söweşler üçin ýaramaz ýaraglanan» diýip, oňa şubhelenip başlaýarys. Şeýlelikde, iş dowam edýär. Ol iş dowam edýär. Ol iş hemişe özgerip–üýtgeýär we hemişe-de täzeligine galýar. Bu gün Injili Ýugoslawiýa aç-açan eltip bolýar. Biz ony indi gadagan haryt hökmünde ol ýere eltmeýäris, sebäbi ol ýerde Injil dükany açyldy we üstünlikli işleýär. Onuň üstesine-de, biz geçen ýyl satyn almaga pullary bolmadyk ýygnaklar üçin Injil satyn alyp ber diýip, Jamile bir müň dollar berdik. Meniň indi Jamiläni on ýyl bäri tanaýandygyma ynanar ýaly däl. Bolgariýda Ybraýym edil öňküleri ýaly öz äpet ýaranlaryny gözleýär. Ýöne onuň öz sapany üçin täze göjekleri —jübi Injilleri bar. Oňa biz olary ýüzläp-ýüzläp eltip berýäris. Biz indiki iki ýylyň dowamynda özümiziň barýan ähli ýurtlarymyzyň halklarynyň dilinde, şol sanda alban dilinde-de jübi Injillerini neşir etmek isleýäris. Haçan-da biz şeýle Injilleri alanymyzda Hudaýyň özüniň saýlap beren adamlaryna gowşuryp biljek ýol-serişdämizi Onuň görkezjekdigine ynanýarys. Indi biz gündogar Germaniýada hiç hili päsgelçiliksiz diýen ýaly köpçülikleýin injilçilik ýygnaklaryny geçirip bilýäris. Bir gezek men şeýle ýygnakda dört müň adamynyň öňunde çykyş etdim, olaryň iki müňüsi maslahatlar zalynda otyrdylar, ýene iki müňüsi geçelgelerde, dälizde dik durup diňleýärdiler, daşarda radio arkaly diňleýänler-de kändi. Klas we Eduard öz aýallary bilen biziň toparymyza goşulanlaryndan soň, indi biz her ýurda azyndan bir gezek sapara gidip biljek. Bu baharda men ýene Kubada boldum. Hudaý kömek etse, 1967-nji ýylyň ahyryna çenli men ýene iki ýurda — Demirgazyk Koreýa we Demirgazyk Wýetnama baryp-gaýtmaga ýetişerin. Elbetde, biz käbir ýurtlara has ýygy-da gidip-gelip bileris. Eger kimdir biri bir ýerde eglenäýse, oňa derek başga biri tapylar. Biz perdäniň aňyrsyndaky çopanlaryň nämä mätäçlik çekýänini bilýäris we olaryň gerek zadyny Hudaýyň kömegi bilen eltip berýäris. Gürrüň awtomobil barada barýar. Çopan üçin maşyn ýyllar boýy ýygnagy görmeýän obadyr şäherlere ýetmäge ýardam etjek goşa ganata barabardyr. Galjaň çopan mesihi jemagatlaryny birek-birek bilen birleşmäge kömek edip bilýär. Şeýle maşynyň ilkinjisi Gündogar Germaniýadaky Wilgelm bilen Mara eltip berildi. Men gürrüňdeşligiň birinde üznüksiz üsgülewigiň ejirini çekýän Wilgelmiň mopedde müňlerçe mil ýoly geçmeli bolýandygyny agzanymda, gollandlaryň ençemesi ep-esli pul bermek kararyna geldiler. Olar «Andi, biz saňa anyk maksat üçin pul berýäris. Biz Wilgelme maşyn gerek hasap edýäris. Baş üstüne, maşyny satyn al-da, biziň adymyzdan ony oňa ber» — diýdiler. Günleriň birinde Wilgelmiň sakson daglarynyň etegindäki öýüniň gapysynda maşyny saklap, oňa täzeje maşynyň açaryny gowşurdym welin, ol gözlerine-de ynanmady. Mar indi Wilgelmiň üsgülewigi büs-bütin aýryldy diýen ýaly diýip hat ýazýar. Wilgelmiň birinji maşyny indi köneldi we gollandly dostlary oňa ikinji maşyny sowgat etdiler. Ol hem wagyzçy boldy we öz Gündogar German toparlary bilen şol maşynda Polşa we Çehoslowakiýa gidip, ol ýerde ýygnaklary geçirýär. Perdäniň aňyrsyndaky bir ýurduň mesihileriniň başga bir ýurtdaky öz doganlaryna kömek etmekleri meniň üçin iňňän şatlykly habar. Şeýle gulluk şek-şübhesiz Hudaýyň halan hyzmatydyr. Onuň köp ýurtlara pytyran ýygnak galyndylary birleşip, biri-birini goldamak üçin gorky–ürkini taşlap güýç toplaýar. Şeýle wagzçylaryň daşary ýurtlara gitmek üçin pullary bolmaýar, ýöne biz olara kömek edip bileris. Olar üçin kommunistik birleşikleriň ýurtlarynda eýläk-beýläk gatnamak erkinligini gazanmak, ýygnaklary geçirmeklik we hat alyşmaklyk erkinligini almak bize garanda has ýeňil. Biziň işleşen bir çehoslowak ýygnagymyz öz wagyzçylaryny Braziliýa we Koreýa ugradypdyrlar we olar ol ýerde Günbataryň wagyzçylary bilen bilelikde gulluk edýärler. Biz özgerip duran dünýäde ýaşaýarys. Ýöne özgerişlikleriň ählisi gowulyga dolup durmaýar. Bir ýerlerden çäklendirmeler aýrylýar, başga bir ýerde ol çäklendirme güýjeýär. Edil bir wagtda diýen ýaly Belgradda Injil dükany açylan bolsa, şol bir wagtda Wengriýada mesihileri yzarlamagyň täze tolkunlary başlady. Hytaýda soňky ençeme aýyň dowamynda, Gyzyl goşun esgeriniň göwnüni şatlandyryp, Injiliň we senalar ýygyndysynyň müňläp-müňläp sanysy ýakyldy. Belki-de bu Hytaý hökümetiniň mesihiçilige ýigrençli garaýyş döwrüniň tamamlanýandygynyň we Hudaýa ynanýanlaryň täze yzarlanmasynyň başlanmasynyň alamatydyr. Ýöne Hudaý ýeňilişi ykrar etmeýär. Adamlar Oňa garşy durup, hüjüm edip, garşylyk görkezip bilerler, ýöne söweşiň netijesi barada welin şübhelenip oturasy iş ýokdur. Ýöne biz her bir gün ähli işleriň, hatda ýaman işleriň hem Onuň adyny göterýänleriň bähbidine bolýandygynyň subutnamalarynyň şaýatlary bolýarys. Rumyniýada bize köp ýyllaryň dowamynda Injil satyn almaga we beýleki zerurlyklary tapmaga kömek eden bir rim-katolik ruhanysy bar. Onuň Wena soňky saparlarynyň birinden dolanyp gelýän wagty maşynyndan gümrükçiler onuň ogrynça getirýän Injilini tapýarlar. Ruhanynyň gorkudan zähresi ýarylýar. Ol galp günä bilen öň türmede oturyp çykypdy, indi weli gümürtiksiz günä iş edipdi we onuň üçin berk temmi aljagyny bilýärdi. Edil şol wagt Rumyniýada bir Injiliň bahasy bir aý iş hakyna barabardy, ol bolsa iki ýüze golaý Injili alyp gelýärdi. Ýöne edil şol pursat serhet çägine başga bir maşyn gelip durýar. Ol maşyndan bir täjir çykýar, ol ýerli gümrükçiler bilen gowy tanyş eken. Ol ruhanynyň maşynyndan düşürilip duran ummasyz mukdardaky Inlilleri görüp, olaryň ýanynda sakga saklanýar-da: «Injilmi?» — diýip soraýar we: «Näme diýseňizle, bu Injilleri maňa sataýyň. Olary Siz ondan aldyňyz ahyry, dogry dälmi?» — diýip gümrükçilere ýüzlenýär. «Hawa, elden alyndy, ýöne biz olary satyp bilmeýäris». Täjir gözüni gypdy. «Hatda nämä…» ol egilip, ofiseriň gulagyna berjek puluny pyşyrdap aýtdy. Gümrükçiniň gözleri petredi. «Dogrudan-da, olara şonça berilýärmi?» «Ondanam köp. Men olardan birneme görerinem…» Ofiserler sähel wagtlyk pikire çümdüler. «Sabyr ediň, maslahatlaşaly!» Olar özara pyşyrdadylar-da, ýene täjiriň ýanyna geldiler. Olar bu bähbidi elden gidermek islemedik bolarly, öz diýenlerini tutup durmaýarlar. Täjir puly nagt sanap berdi-de, Injilleri öz maşynyna ýükläp, Rumyniýa tarap ýola düşdi. Jaýyň içinde oňaýsyz ümsümlik aralaşdy. Ruhany: «Siz näme henizem meni Injili getirenligim üçin günäläp durmysyňyz?» — diýip sorady. Ofiser oňa çiňerildi-de: «Injili, o nähili Injil? Siz nirede Injil görýäniz? Siz haýal etmäň-de, derweze açyk durka ýoluňyz bilen boluň!» — diýdi. Injiller, elbetde gara bazara tarap gönükdi, ýöne her niçik-de bolsa, Hudaýa ynanýanlar satyn almak üçin eýdip-beýdip pul taparlar-da. Ýöne biziň döwrümiziň ähli baýdaklarynyň içinde biziň üçin iň ruhlandyryjysy kommunistik ýurtlardaky barha möwç urýan erkinlik ugrundaky hereketdir. Her ýyl ol ýurtlara Günbatardan müňlerçe adamlar barýarlar hem olardan ençeme ýüzüsi öz mesihi doganlaryny görmegiň, tapmagyň arzuwy bilen gelýärler. Indi hatda hiç haçan wagyzçy bolmak küýünde-de bolmadyklar, biziň işimize öň asla mümkin bolmadyk kömegi berýärler. Injili ogrynça getirip-äkitmeklik howply iş, ýöne gümrükçileriň köpüsi jahankeşdäniň öz hususy goşlarynyň arasynda ýerli dildäki ýekeje Injili göräýseler-de (ony Injil jemgyýetlerinden satyn almak bolýar) hiç zat diýmezler. Hytaý bilen Albaniýa stoluň üstünde ýa-da dükanda galdyrylan Injile ýürek bilen ýapyşaýjak adamyň tapyljagynyň gümanadygy bolan ýalňyz ýurtlardyr. Müňlerçe jahankeşdeler, münlerçe Hudaýyň wekilleri diňe bir muzeýlerdir fabriklere barman, olar şeýle-de mesihileriň duşuşyp, Hudaýa tagzym edýän, sežde edýän ýerlerini-de tapýarlar. Ol myhmanlardan kimdir biri bolsa ol üýşmeleňde ýerinden turaga-da: «Biz size gollandiýaly, angliýaly, amerikaly doganlaryňyzdan salam getirdik» — diýen mähriban sözleri aýdar. «Bu zatlar näme bilen gutarar?» — diýip men Korriden soradym. — «Bu söýgi akymy nirede saklanyp biler?» Ol gülümsiredi-de: «Bilmedim. Biz öňde özümize nämäniň garaşýandygyny bilemzok. Ýadyňdamy? Biz ýoluň bizi nirä alyp barjagyny bilemzok, ýöne»… — diýip, jogap berdi. «Geliň, ol ýol bilen bile gadam uralyň!» Bile, iki bolup, bile ähli on ikimiz, ähli müňlerçeler bile gideliň. Bu ýoluň bizi nirelere eltjegini hiç kim bilenok. Ýöne biz indiki jahankeşdeligiň ähli geçenlerden has toglundyryjy boljagyny welin bilýäris. Bu günki gün Andreý doganyň işi ösmegini we giňelmegini dowam edýär hem ol ynamyň entek oňa eýerijilere gymmat düşýän sebitlerine-de baryp ýeter. Ol bolsa Hytaý, Latyn Amerikasy we yslam dünýäsidir.