Dogan Andreý MESIHIŇ HATYRASYNA DÜNÝÄNI ÜÝTGEDIP GIRIŞ Hemme wagtlarda Rebbe tabyn bolmak bilen bütin nesillere beýik işler üçin ylham berýän adamlar bolupdyrlar. Olar öz çagyrylyşlaryny amala aşyrmakda uly üstünlikden peýdalanypdyrlar. Rebbiň netijeli ýaragy bolmaklygymyz üçin biz näme edip bileris? Biz öz neslimize şeýle güýçli täsir etmäge ukyply bolarysmykak? Biz öz neslimize hem edil şeýle güýçli täsirimizi ýetirip bilermikäk? Bu kitapda biz ynamyň gahrymanlary diýlip atlandyrylýan adamlaryň durmuşlaryny öwrenmäge synanyşyp göreris we diňe bir beren soragalarymyza däl-de, eýsem beýleki wajyp soraglara hem jogap bermäge synanyşarys. Meni Rebbiň kontrabandisti diýip atlandyrýarlar, sebäbi men ömrümiň otuz ýyldan hem köp döwrüni Mukaddes Kitabyň ejir çekýän Ýygnagyň wepaly agzalarynyň ellerine düşmegine bagyşladym, şonuň bilen birlikde bütin dünýädäki yzarlanylýan mesihilere umyt berýärdim. Bu döwrüň dowamynda men ynamyň häzirki zaman gahrymanlarynyň köp sanlysy bilen tanyşdym. Bu kitapda olar Injildäki gahrymanlardan mysal alýarlar. Emma şu gün Rebbe beýle adamlar gerekmikä? Men Mukaddes Kitaby okanymda, Injiliň taryhlarynda özümiziň ýaşaýan häzirki dünýämiz barada, biziň durmuşymyzda duş gelýän kynçylyklar we bizi gurşap alan adamlar bilen duşuşýarys. Men Injildäki gahrymanlaryň nähili çekinjeň we gorkak bolanlaryny görýärin, emma Reb muňa garamazdan, olara Öz elini goýýar we olara: «Men seniň Özüme gulluk etmegiňi isleýärin» diýýär. Haçan-da men bu deňligi görenimde, Hudaý maňa ýüzlenýär we şeýle diýýär: «Sen hem edil şuny edip bilersiň. Sen dünýädäki ýagdaýa ähmiýetli täsiriňi ýetirip bilersiň». Ýer ýüzünde hemişe doly möçberlerde ruhy uruşlar gidýär. Ol häzir şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Eger bu beýle bolmasa, onda Injiliň gahrymanlary hem gerek bolmazdylar. Emma wagtyň geçmegi bilen ruhy garşylyk birjik-de azalmady. Onuň tersine, köp sanly bilermenleriň dogry belleýişlerine görä, ol ähmiýetli güýçlendi. Hudaýyň Sözüni öwrenenimizde, biz Rebbiň adamlaryň durmuşyna gatnaşýandygyny we aýratyn erkek adamlary, aýallary we hatda bütin milletleri hem gulluk etmäge çagyrandygyny görýäris. Biz Rebbiň şu gün hem dünýäni özgertmek üçin ozal eden zatlaryny edip biljegini bilýäris, sebäbi Ol hemişe Öz häsiýetine we Özüniň Sözüne wepalydyr. Mümkin, Hudaý bizi edil şunuň ýaly gulluga hem çagyrýandyr. Bu kitaby okan mahalyňyz, beýle mümkinçilik barada oýlanyp görüň. Biz ýer ýüzünde öz peýdamyz üçin ýaşaýan däldiris. Biz bu köp asyrlaryň dowamyndaky göreşe işjeň gatnaşmak üçin şu ýerdediris. Biziň wezipämiz — Hudaýyň Patyşalygyny yglan etmek, Onuň ýörelgelerini ýola goýmak we adamlara Hudaýyň halas ediji güýji barada gürrüň berip, olary şeýtanyň gözlerinden azat etmekdir. Bu maksat bilen biz towakgaçylar, arka tutujylar, imanyň gahrymanlary bolmalydyrys. Mümkin, bize heläk boljak adamlar üçin, goraga mätäçler üçin, yzarlamalardan ejir çekýänler üçin köp zähmet çekmek gerek bolar, şeýle hem öz şahsy ýazyklary sebäpli ruhy taýdan güýçden gaçan adamlar üçin bizden köp zähmet çekmek talap ediler. Towakga etmek — bu köp manyly düşünjedir we ol durşuna fatalizme garşy gelýär. Şu günki mesihiler köplenç özlerini fatalistler kimin alyp barýarlar: aý, näme bolsa şol bolsun. Onuň üstesine-de, olar özleriniň gowşaklygyny hatda Hudaýyň erkine tabyn bolmaklary bilen düşündirýärler. Bu nähili ýalňyşlyk! Her günde biz müň gezek diňe öz erkimize laýyklykda hereket edýäris. Bize Hudaýyň söweşijileri bolmak gerek, dogrulygyň hatyrasyna, adalatsyzlygyň we ahlaksyzlygyň garşysyna göreşe galmak gerek. Biz Hudaý bilen, haçan-da Onuň bilen dürli meseleleleri ara alyp maslahatlaşanymyzda, gerek boljak beýle özara gatnaşyklary ýola goýmaly, munuň üçin bolsa biz Rebbiň ýoluny we Onuň isleglerini görmeli we olara düşünmeli. 1987-nji ýylda, meselem, Sowet Soýuzynda dini işler üçin türmede oturanlaryň arasyndaky imanlylaryň ýarysyndan hem köp sanlysyny garaşylmadyk halatda türmeden boşatdylar oturyberdiler. Söwet hökümeti Sowet Soýuzynda Injilleriň ýüz müň sanysyny neşir etmekligi, Injilleriň ýene-de ýüz müň sanysyny daşary ýurtdan aljakdygy barada wada berdi. Dini işleri Geňeşiniň şol wagtky başlygy Konstantin Harçes, şol wagtlar ýurtda hereket edýän berk çäklendiriji kanunlary üýtgetmegiň gerekligi barada aýtdy. Ilkinji gezek hökümetiň bu ýurtdaky müňlerçe ybadathanalaryň ýapylmagyna jogapkärçilik çekýänligi barada yglan edildi. Bu şeýle bir garaşylmadyk waka boldy! Men bütin dünýäniň imanlylarynyň dileglerine jogap berlenligine şeýle ynanýaryn. Bizi gurşap alýan hakykatdaky beýle üýtgeşiklikler imanlylaryň gahrymanlary bolmadyk bolsa mümkin bolmazdy, olaryň arasynda ölüp barýan dünýä Hoş Habary getiren köp sanly hoş habarçylar hem bardy. 1955-nji ýylda men Pragada (Çehoslowakiýa) bolanymda, bir kiçijik mowar ybadathanasyna bardym, onda kyrka golaý ýaşlar bardy. Şol wagtlar bu ýurtda imanlylar üçin köp sanly çäklendirilmeler bardy. Olary işlerinden boşadyp bilýärdiler ýa-da öz ynamlary zerarly olary bilim almakdan mahrum edip bilýärdiler. Olary watançylyk duýgularyndan mahrum bolan halkyň duşmany hasap edýärdiler. Men bu imanlylar bilen gürleşip görenimden soň, olardan öz watanym Gollandiýa äkitmegim üçin bir kiçijik sowgat aldym. Ol sowgat käse görnüşindäki kümüşden ýasalan nyşanjykdy, ony penjegiň ýakasyna daksa bolýardy. Maňa: «Bu, Çehoslowakiýadaky ybadathananyň nyşany» diýdiler. «Biz ony azap käsesi diýip atlandyrýarys. Indi siz hem bu Käsä goşuldyňyz. Eger sizden bu näme diýip sorasalar, biz barada gürrüň beriň we biziň — ejir çekýän Isanyň Bedeniniň bir bölegidigimiz barada ýatladyň». Bu nyşanjygy görenlerinde, ýagny Demir perdäniň aňyrsyndaky çehoslowakiýaly we beýleki imanlylar üçin bütin dünýäde towakga etmek üçin adamlarda höwes döredýän bu nyşanjygy men penjegimiň ýakasyna dakyp gezýärdim. Emma bu Perde ýykylandan soň bu towakga etmekligi dowam etdirmek gerekmikä? Men-ä gerekligine ynanýaryn. Bu ýurtlarda köp sanly gowulyga tarap üýtgeşiklikleriň bolup geçenligine garamazdan, häzir henize çenli ol ýerde imanlylar üçin kesgitli çäklendirmeler we öz dinlerini ybadat etmekde birnäçe töwekgellikler hem bar. Haçan-da Hudaýyň nury ýazyklylaryň we ejirleriň tümlügine girende, biz Ony şöhratlandyrýarys. Emma şeýtan bendeleri tümlükde saklamak üçin çözgüde taýýardyr we Ýer togalagynyň ilatynyň altmyş alty göterimi, biziň, ýagny azat ýurtlardakylaryň edişleri ýaly, Hudaýa öz isleglerine görä ynanmagyna we tabyn bolmagyna päsgel berýän şertlerde ýaşap gelýärler. Hudaýa edil öňküler ýaly, beýleki bendelere kömege gelmekleri üçin iman gahrymanlary gerek bolýarlar. Hudaýyň çagyryşyna: «Meni iber» diýip, şeýle jogap berip biljek hoş habarçylar gerek. Isa Mesihiň halas bolmagy baradaky Hoş Habar bilen jahanyň «gyzgyn nokatlaryna» barmakdan gorkmaýan hoş habarçylar gerek. Siziň şeýle gahryman bolasyňyz gelýärmi? GAHRYMAN BOLUP BOLARMYKA Ejir çekýän doganlar baradaky çuňňur gynanç Eger-de biz hakykatdan hem iman gahrymanlary bolmakçy bolsak, eger-de biz Hudaýyň öňünde towakga etmekligi amala aşyrýan Hudaýyň ärleri we aýallary bolmakçy bolsak, onda biziň dünýäniň dürli nokatlaryndaky doganlarymyzyň Isadaky ejirlerine jogabymyz diňe bir zat bolup biler — biziň çuňňur gynanjymyz. Siz Russiýada mesihilere öz çagalaryna mesihi bilimi bermegi gadagan edýän kanunyň bardygyny bilýäňizmi? Ynha, bu bendeleriň Hudaýyň goramagyndan mahrum bolmaklarynyň mysaly. Russiýada atasy we enesi kanun boýunça öz çagasyna dileg etmegi, Isany söýmegi we Injile ynanmagy öwretmäge hukuklary ýokdur. Bu gadagan edilendir. Meniň Russiýada baryp gören ýekeje ybadathanam, haýsydyr bir gadagan edilen zady edenligi sebäpli öz çopanyndan (ruhanysyndan) mahrum bolupdy. Isa Mesihiň doglan güni mynasybetli gulluk wagtynda ol (ýygnagyň çopany) ybadathana gelen çagalardan: «Siz Isanyň şu dünýä näme üçin gelenligini bilýärsiňizmi?» diýip ýüzlendi. Bu onuň Isanyň dogulmagy taglymatynyň mowzugydy. Diňe şu sorag üçin ony ybadathanadan kowdular we ybadathana bolmadyk bir ýere sürgün edip goýberdiler. Näme üçin Ýer togalagynyň ilatynyň altmyş alty göterimi, biziň lezzet alýan azatlygymyzdan mahrum bolup, dürli görnüşli çäklendirilmeler zerarly ejir çekýärlerkä? Näme, olar ýazyk etdilermi? Bu erbet we bagyşlap bolmajak nazarýet (men ony durmuşym bilen ýigrenýärin), oňa laýyklykda, adam hamala diýersiň ýazyk eden görnüşde ejir çekýär. Beýle halatda biz şeýle netije çykaryp bileris, ýagny eger-de Hudaýyň kanunyny berjaý etsek we sadaka bersek, onda bizde hiç hili kynçylyk bolmaz. Men bu nazarýeti hiç haçan kabul etmerin, sebäbi ol ozaldan hem ejir çekip gelýän Ýygnagy, doganlarymyzy masgaralaýar, olar uruş ýolunda Hudaýyň we şeýtanyň arasyndaky kosmos söweşine gatnaşýanlary üçin örän köp hasrat çekýärler. Hudaý Öz maksatlaryny Özüniň çagalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Ýöne men bir zada ynanýaryn, ýagny kim şu gün öz dini üçin konsentrirlelen lagerlerde oturan bolsalar, onda olar meniň we biziň azatlygymyz üçin hasaplaşýandyrlar. Eger olar özleriniň ýazykly işleri üçin hasaplaşýandyrlar diýip göz öňünde tutulsa, onda bu olar babatynda şeýle bir minnetdarsyzlyk bolar. Şu gün dünýäde ejir çekýän Ýygnak bar. Ýygnagyň köp bölegi ozalkysyndan has güýçli ejir çekýär, biz onuň üçin näme edýäris? Gahrymanlar hem edil siz we men ýaly Biziň jemgyýetimizde habar beriş serişdeleri gün irmän bizi ähli kynçylyklardan we mahrumlyklardan halas etmäge ukyply bolan biziň günlerimiziň gahrymanlaryny döredýärler. Biz edil çagalar ýaly, öz kynçylyklarymyzyň şol bada çözülip gitmegini isleýäris, emma haçan-da olar ýok bolup gitmeseler, onda biz özümiziň döreden howaýy bendelerimizi günäkärleýäris, soň bolsa, olary alýas-da, öz durmuşymyzdan goparyp zyňýarys. Biz gahrymany agtaryp, daş-töweregimize garanjaklanymyzda, meşhurlary agtarmaga çalyşýarys: boýy orta boýludan uzyn, oňat bilimli we akylly — şonda biz beýle adamyň üsti bilen Hudaý şeýle bir ägirt zady etmeli diýip oýlanýarys. Bu beýle däl! Iman gahrymanlary köplenç adaty bendelerdirler, edil siz ýa-da men ýalydyrlar. Jemgyýetiň aňynyň çuň ýerinde hakyky gahrymanlara bolan teşnelik ýaşaýar, ýagny, durmuşlary berk esasda duran, kynçylyklar ýüze çykan mahaly hiç haçan ikirjeňlenmeýän adamlara, öz dostunyň ýanynda onuň gowşan mahaly dik durup: «Merträk bol, Hudaý wepalydyr. Men hem şundan geçdim» diýýän adamlara bolan teşnelik ýaşaýar. Bu iman gahrymanlary, gynansak-da, multfilmleriň gahrymanlary ýaly göz açyp ýumasy salymda peýda bolmaýarlar. Olar durmuşdaky kiçiräk kynçylyklary ýeňip geçip we ähli zada ynam arkaly seredip, peýda bolýarlar. Men 1966-njy ýylda hoş habary ýaýratmaklyk boýunça Berlinde geçirilen Bütindünýä konferensiýasyny hiç haçan-da ýadymdan çykarmaryn. Çykyş edýänleriň sanawy örän täsirlidi. Birnäçe adamlar üçin, öz gazananlaryny sanap geçmek üçin, özleriniň nähili meşhurdyklaryny, näçe kitap ýazanlaryny sanap geçmek üçin bütin bir sahypany dagy okamaly bolýardylar. Men alymlyk derejeleri we atlary bolan onlarça adamlaryň atlaryny okap otyrkam, özüme tanyş bolan ada — Korri Ten Boom adyna sataşdym, onuň adynyň yzynda hiç zat ýokdy. Indi, ýigrimi ýyl geçenden soň, men hemme atly-abraýly gatnaşyjylary ýadymdan çykardym, ýöne henize çenli hem Korri meniň ýadymda. Bütin hepdäniň dowamynda ol adamlar bilen bile bolmaga, olara gulluk etmäge çalşypdy. Ol professor däldi, alymlyk derejesi ýokdy, emma ol hakyky iman gahrymanydy. Ol Hudaýyň ýörelgelerini bilýärdi, olara laýyklykda hereket edýärdi we munuň bilen doly hasaplaşypdy. Yzaly bolar Men özümiziň çaknyşýan adatdan daşary ýagdaýlarymyzyň bize yza getirip bilmez diýip tassyklamok. Işden mahrum bolmak, çaganyň ölmegi, agyr keseller — beýle zatlar biziň her birimizde bolup bilerler, mümkin, eýýäm bolandyr hem — haçan-da imany ýüreginde berk duranlar agyr synaglara sezewar edilende, ilki bilen biziň sabyrlylygymyz synagdan geçirilýär. Betbagtçlyklaryň beýle zamanlaryna biziň jogap bermegimiz bir gijäniň içinde emele gelmeýär. Biziň berk imanymyz haçan-da biz kiçijik lapykeçlikleri ýeňip geçmegi öwrenenimizde, kiçiräk ýitgiler, keseller zerarly ah çekenimizde, şowsuzlyklary başdan geçirenimizde, inkär edilenimizde we yza çekenimizde döreýär. Injil biziň keselleriň döwürlerine gatnaşygymyz, ynjalyksyzlygymyza, yzarlamalarymyza we gaýgy-hasrata gatnaşygymyz, biziň Hudaý barada bilýän zatlarymyza bagly bolýar diýip öwredýär. Ýewreýlere hatda (11:1): «Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» diýlip, iman şeýle düşündirilýär. Başga sözler bilen aýdylanda, iman biziň adatdan daşary we göze çorünmeýän zatlar barada içerki bilimlerimizden durýar we bu bilimleriň kömegi bilen biz garşydaşymyzyň hemme topulmalaryna döz gelip bileris we kyn ýagdaýlara garamazdan, öz gullugymyzy dowam etdirip bileris. Injiliň hemme ýerinde Rebbiň aýratyn adamlary, şeýle hem bütin halklary kyn döwürde goldaýanlygyny we olardan imanyň gahrymanlaryny edýänligini görýäris. Olaryň göreşi bize Rebbiň hakyky häsiýetine düşunmegimize kömek etmek üçin biziň peýdamyza ýazylandyr. Rimlilere hatda (4:23, 24) şeýle aýdylýar: «Dogrulyk saýylandygy diňe ol babatda däl, eýsem Rebbimiz Isany direldene iman eden we dogry saýyljaklar bolan biz babatda hem ýazylandyr». Eger-de biz imanyň gahrymanlary bolmakçy bolsak, onda biz şuňa düşünmeli: biz göreşmelidiris, ejirler we ýaralar bolar, yza we ölüm bolar. Bu hakykatdyr. Eýse uruşda başgaça bolup bilermi? Biz özümiziň imanymyz üçin ullakan baha tölemeli bolarys. Injilde ýazylýan Dawut hem örän gymmat bahany töläpdir. Onuň ýeňşi ýeňil bolmady we elbetde, onuň kiçijik daşlary dünýä täsirini ýetirip biljek ýarag bolup bilmezler ahyryn. Emma ol Hudaýyň hatyrasyna geldi we şoňa görä ýeňiş gazandy. Biziň iman gahrymanlary bolasymyz gelýärmi we özümiziň ýörelgelerimiz üçin haklaşmaly nyrha garamazdan, Hudaýyň Sözüni yglan edesimiz gelýärmi? Eger Hudaý Dawudyň üsti bilen Öz halkyna ýeňiş beren bolsa, onda Ol biziň üstümiz bilen hem ýeňşi berip biler. Dawutda diňe Köne Ähtiň bir bölejigi bardy, emma ol ony mertlik bilen yglan edýärdi. Bizde bolsa Köne Äht dolulygyna we Täze Äht hem bar, bizde olaryň köp görnüşleri we terjimeleri bar, beýik taglymatçylarymyz bar, telewideniýe, radio bar, onda näme üçin biz Isanyň hatyrasyna dünýäni dyza çökerip bilemzok? Geliň, hemmämiz bilelikde iman gahrymanlary bolmagy karar edeliň. Hudaý imany kabul etjeklere we Onuň ýoly bilen gitmek isleýänlere höwes bilen iman berýär. Biz bu howply dünýä diňe bir ýarag bilen — Hudaýň Sözi, Ruhuň Sözi bilen barmaga taýýarmy? Biz Onuň çalnan we ýiteldilen almazyny görüp hem bilmeris, emma edil şu ýarag bizi ýeňilmezler edip biler. Hiç hili Demir perdeler, medeni päsgelçilikler, dini tapawutlar Hudaýyň Sözi bilen öňe barýan öňe gidişleri saklap bilmezler. Duşmanlar biziň üstümize özleriniň gorkunç ýaraglary bilen çozýarlar, biz bolsa öz Rebbimiziň hatyrasyna öňe barýarys. Şübhelerden gaçyp bolmaz Biziň köpümiz iman sebäpli yzarlamalara ýa-da türmäniň zyndanlaryna taşlanmagymyz bilen baglanyşykly fiziki stressleri ýa-da psihologiki synaglary başdan geçirmeli bolýarys. Ýöne şonda-da köpler Hudaýyň söýgüsine şübhelenip başlaýarlar, ýüze çykan ýagdaýlara arz edip başlaýarlar, özlerine ýürekleri awaýar ýa-da biziň her birimiziň durmuşymyzda gabat gelýän kynçylyklary başdan geçirenimizde başga bir görnüşde imanymyza şübhe döredip başlaýarys. Şübhelenmeklige bolan ukyp — adam üçin örän wajyp häsiýetdir. Biz azat erk bilen ýaradylandyrys, ol bize barlamaga höwes döredýär, meseleleri şübhe astyna goýmaga we özümizi gyzyklandyrýan meseleleri özümiziň düşünmegimize höwes döredýär. Şol sebäpli hem mesihiler hökmünde käwagtlar bizde Hudaýyň Sözune ynam bolmaýar we biz öz — özümizden soraýarys: Hudaý muny hakykatdan hem aýtdymyka? Men Hudaýyň biziň köp sanly şübhelerimize rugsat berýänligine oňat ynanýaryn. Emma Ol hiç haçan Özüniň häsiýetine dörän şübheleri kabul etmez. Şu sebäbe görä Hudaýyň Sözüni öwrenenimizde biz birinji nobatda Onuň häsiýetini barlamalydyrys. Pygamberlikleri öwrenmek gyzykly, emma biziň olara düşünmegimiz we düşündirmegimiz ýalňyş bolup biler. Çylşyrymly taglymat sapaklaryna düşünmek gyzyklydyr, emma bu ýerde hem biz ýalňyşyp bileris. Emma bu nazarýatleriň günleriň birinde ýok boljak pursaty gelip ýeter, bize şeýle gymmat görünýän zatlar elimizden alnar — ýagny biziň erkinligimiz, biziň Injillerimiz we ybadathanamyz elimizden alnar, ýöne şonuň bilen birlikde Hudaýa doly we çäksiz ynamymyzdan we Onuň Kimligine düşünmegimizden bolsa hiç kim mahrum edip bilmez. Edil Isa ýaly Siz näme üçin şu gün mesihileriň aglabasy Isanyň wada berşi ýaly, amala aşyrylmaly «beýik işleri» amala aşyrmaýarlar diýen soragy berip gördüňizmi? Hususan aýdanda, biz näme üçin Isanyň eden zatlarynyň hiç birini edemizok? Biz özümizi «edil Isa hökmünde» göz öňünde tutup, mesihiler diýip atlandyrýarys, emma biz Isanyň söýşi ýaly söýýärismi, Onuň ýaşaýşy ýaly ýaşaýarysmy, hemme zatdan wajyby, biz Onuňky ýaly doga okaýarysmy we Onuňky ýaly jadylaýyjy netijeleri alýarysmy? Men häzir täsinlikler barada aýdamok — bu aýdyň, biziň aglabamyz ölüleriň direlmegine öz-özünden bolup geçýän hadysa hökmünde garamaýarys, gapyllaryň gözleriniň açylmagyna we bäş sany çörek we bir jübüt balyk bilen müňlerçe aç bendeleri doýrup boljakdygyny durmuşda ulanmaýarys. Men ýöne Isanyň aýdyşy ýaly, dünýäni nähili hem bolsa biraz üýtgedip bildikmi diýip soraýaryn. Ony resullar we ilkinji mesihiler ýaly üýtgetjek bolup synanyşdykmy? Elbetde, birnäçe aýratynlyklar bar, emma men häzirki zaman mesihileriň aglabasynyň bu meseleleri çözmekden daşdadyklary bilen ylalaşarsyňyz diýip pikirlenýärin. Onuň sebäbi ýönekeý: biz beýle netijelere getirip biljek Hudaý bilen beýle özara gatnaşyklaryň bolup biljekdigine düşünemizok. Biz Hudaýdan näme sorasak Onuň şony ýerine ýetirjekdigine ynanmaýarys, sebäbi hakykatdan hem Onuň nähilidigine düşünemizok ýa-da Onuň bilen biziň aramyzdaky özara gatnaşyklary gurmagyň ýörelgelerine düşünmeýäris. Bu şeýle gaty ýaňlanýar gerek? Mümkin. Eger biz Hudaýa Onuň pygamberleriniň, şägirtleriniň we birinji imanlylaryň düşünişleri ýaly düşunsedik, eger-de biz Onuň bilen nähili gürleşmelidigine düşünsedik, onda heý biz Isanyň aýdanlaryndan hem beýik hereketleri amala aşyrmazdykmy ahyryn? Eger-de biz Hudaýy Özünin isleýäni ýaly bilsedik, onda biziň üçin edip bolmajak zat galmazdy. Ýyl geçdigiçe, on ýyllaryň geçmegi bilen, Isanyň edişi ýaly, şeýle hereketi etjek adamlar gitdigiçe azalyp barýarlar we olar has seýrek duş gelýän ýaly bolup barýar. Mesele şunda dur, ýagny biz iman gahrymanlaryny biziň özümiz ýaly däl-de, bir adaty däl adamlar ýaly kabul edýäris. Biz olarda bir aýratyn zehin bar diýip göz öňümize getirýäris, olary özümiz ýaly ýönekeý mesihilerden aýratyn görnüşde görýäris. Biz olary arşa çykarýarys we olary «ruhy äpetler», «imanly gahrymanlar», «beýik hereketçiler» diýip atlandyrýarys. Belli bir manyda bu şeýle bolup hem biler. Ýöne biz bir zady gozümizden sypdyrýarys: olaryň bizden hiç hili tapawutlary ýok. Olar ýönekeý, towakga etmek we arka tutmak işinde hemme zady kesgitleýän taglymata düşündiler. Hudaýa gulluk etmeklerini netijeli diýip atlandyryp boljak bendeler iki sany zady oňat bilýärdiler — Onuň häsiýetini we Onuň erkini. Hudaýyň häsiýeti Ruhy gerimde biziň edýän zatlarymyzyň esasy bolup, ilki bilen Hudaýyň häsiýetine we Onuň maksatlaryna düşünmek gulluk edýär. «Hudaý kim?» diýen soraga jogap — bu biziň hemme işlerimiziň esasydyr, sebäbi biz tä Onuň nähilidigini bilýänçäk, hiç bir agras meselede Hudaýa bil baglap bilmeris. Haçan-da siz biri bilen tanyşanyňyzda, siziň birinji edýän zadyňyz — ol adamyň şahsyýetine we häsiýetine düşünmäge kömek berýän soraglary berýärsiňiz we oňa syn edýärsiňiz. Ol nähili adam? Rahat we sabyrly adammy ýa-da saklanyp bilmeýän we dawaçyl adammy? Ol täze taglymatlara nähili garaýar: seresaplyk bilenmi ýa-da açyk? Ol sizi hormat we gyzyklanma bilen diňleýärmi ýa-da diňe özüni diňleýänleri oňat görýärmi? Ol gatnaşyklary bermäge taýýarmy ýa-da siziň gatnaşygyňyzy berip, özi bolsa olary diňe kabul etmek isleýärmi? Ol adamlar barada adalatly we aň-paýhasly hökümleri aýdýarmy ýa-da ýagdaýy hasap etmezden olary günäkärleýärmi? Ol hoşmeýillimi ýa-da gödek? Oňa ynanyp bolýarmy ýa-da özüniň ýerine ýetirmegi barada pikir hem etmeýän zatlaryny wada berip, olary çişirmegi oňat görýärmi? Özümize beýle soraglary berip, biziň öz gatnaşyklarymyzda dostluga bolan umydyň barlygyny ýa-da ýoklugyny çözýäris. Biz göz öňüne getirmelerimizden özara gatnaşyklaryň ösmekligi üçin esas gurýarys. Biz düýbünden nähili adamdygyny aýdyp bolmajak we ygtybarsyz adam bilen dostlaşyp bilmeris. Bizde kesgitli tamalar we talaplar bar, eger-de olar haklanylmasalar, onda kanagatlandyrma getirip biljek özara gatnaşyklary gurup bolmaz. Biz özümiz üçin bu adamyň özüni näme üçin başga hili däl-de, edil beýle alyp barýanlygyny anyklamak üçin oňa soraglary bermeli. Biziň aljak jogaplarymyz, bize gelejekde nämelere garaşmalydygymyzy göz öňünde tutmaga kömek bererler. Eger biz haýsydyr bir zatlara düşünmesek, ýene-de sorag bereliň: «Sen näme üçin beýtdiň? Sen näme barada pikir etdiň?» Biz ol bendäniň öz durmuşynda goldanýan ýörelgelerine düşünjek bolup jan etmeli, ýagny bu bize onuň biziň bilen we galan dünýä bilen özüni nähili alyp barjakdygyny öňünden görmegimiz üçin gerekdir. Edil şu görnüşde biz Hudaý bilen dostlukly özara gatnaşyklarymyzy gurmaly. Rebbimiz barada biz näme bilýäris? Ol nähili hereket edýär? Ol eýýäm nämeleri etdi? Ol Özi barada nähili beýan edýär? Onuň bilen söhbetdeşlikden soň biz nähili tejribe edindik? Musulmandan: «Hudaý kim?» — diýip soraň, ol size özüniň ýat tutan Hudaýyň 99 sany adyny sanap başlar, ýöne siz olaryň arasynda Ata diýen sözi eşitmersiňiz. Bu biziň Hudaýymyzyň we beýleki dinlerde hasap edilýän hudaýlaryň arasyndaky düýpli tapawudyň biridir. Biz Hudaýa Ata diýip ýüzlenip bilýändiris, sebäbi Isa bize «Ol — biziň Atamyzdyr» diýdi. Hatda Atadan hem ýokarydyr: Ol — Abba (aram. «ata»). Biziň Hudaýymyz — bu biziň edil kiçijik çagajyklar ýaly, Onuň bizi söýýänligine düşünip, bu duýgyny gizlemän, Onuň dyzlaryna özümizi oklap biljek Kakamyzdyr. Ynha bu Hudaýyň kimligi baradaky soraga bolan jogabyň biridir. Hudaý, edil beýlekiler ýaly diňe bir Atamyz däldir, ol biziň Kakamyzdyr. Ýöne biz Ol barada ýene nämeleri bilýäris? Hudaýyň häsiýeti barada gürrüň berýän Mukaddes Kitaplda Ony islendik başga dinleriň hudaýlaryndan we pygamberlerinden tapawutlandyrýan Onuň başga mertebeleri barada hem ýazylýar. Onuň iň wajyp mertebeleriniň biri, elbetde Onuň — söýýänligidir. Hudaýyň ýaradanlary hökmünde, biz söýmän we söýülmän ýaşap bilmeris, sebäbi biz Rebbiň keşbine mahsus edilip ýaradyldyk. Özümiziň hemme pikirlerimiz, höweslerimiz, duýgularymyz bilen biz Hudaýyň söýgüsine tarap ymtylýarys. Biz hiç haçan Hudaýdan daşarda bu ymtylyşymyzy doly kanagatlandyrmarys, sebäbi «…Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:16,19). Hudaý Özüniň adamzady beýik söýgüsi bilen söýýänligi we Özüni hem yhlas bilen söýülmegini isleýän ýaly edip kesgitleýär. Mukaddes Ýazgynyň Kitaplary Hudaýyň bize bolan söýgüsiniň çuňligyny we mähirligini açyp görkezýär. Esasan-da, Hudaýyň bu söýgüsi şu wagta çenli ýazylan aýdymlaryň şasy bolan Süleýmanyň aýdymlarynda beýan edilýändir. Rebbimiz öz söýgüsi hakynda Ýeremiýanyň üsti bilen şeýle diýýär: «…Men seni ebedi söýgi bilen söýdüm; munuň üçin seni mähribanlyk bilen Özüme çekdim» (Ýeremiýa 31:3). Şeýle hem ol Pygamber Ýeremiýanyň Kitabynyň başga ýerinde şeýle diýýär: «…Öwünýän munuň bilen, ýagny düşünjeliligi we ýer ýüzünde mähribanlyk, adalat we dogrulyk edýän Rebbiň Mendigimi bilýänligi bilen öwünsin; çünki Maňa bular ýaraýar» (Ýeremiýa 9:24). Biz söýgini diňe bir Rebbimiziň sözlerinde göremizok. Onuň edýän işleri hem söýgüden doludyr. Adamzadyň taryhynda biziňki ýaly Hudaý ýokdur, Ol diňe bize Özüniň söýgüsini yglan etmän, eýsem Öz ömrüni biziň üçin pida edip, Öz söýgüsini subut etdi. Bizde beýle söýginiň hiline ýa-da haýsydyr bir çäklenmesine hiç hili şübhe bolup bilmez. Şeýle diýse bolar: men Isadan soradym: «Sen Meni nähili derejede söýýärsiň?» Isa şeýle jogap berdi: «Ynha şeýle» — diýip, Ol ellerini galgatdy we öldi. Köpler söýýän Hudaýyň şeýle köp yzaly we ejirli dünýäni nähili edip döredip bildikä diýen soragy galdyrýarlar. Bu «deňsizligiň» daşyndaky jedeller ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýär, emma haçan-da Isa biziň ornumyzy haçda eýelände, bu meseläni dolulygyna çözdi. Bu yzalara we ejirlere bolan Hudaýyň jogabydy. Imanlylar hökmünde, ýer ýüzündäki bu hesretleriň we ejirleriň Hudaýyň işi däldigini we Onuň saýlawy däldigini bilýäris. Ol biziň bilen bile ejir çekýär we ahyr soňunda biz sebäpli ejir çekýär, emma Ol hiç haçan biziň ejir çekmegimizi islemeýär. Söýgüden ýaňa Ol bize Özüniň adalatly we dogry erkine «hawa» ýa-da «ýok» diýmek erkinligini berdi, biz näçe «ýok» diýdigimizçe, erbetligiň güýjüne öz dünýämizi boşatmaga mümkinçilik berýäris. Biziň başdan geçirýän ejirilerimiz — bu biziň Hudaýyň tersine eden hereketlerimiziň netijesidir. Ýazykly adamzadyň tebigatyna eýelik edip, biziň özümiz özümize betbagtçylyk getirýäris. Diňe Reb — söýgini ýaradýandyr. Mukaddes Kitapda Hudaýyň söýginiň, adalatlylygyň, dogrulygyň we bize Ata hökmündäki gatnaşygyň nusgasy hökmünde gulluk edýänligini subut edýän müňlerçe mysallar getirilýär. Biz hemme mysallaryň üstünde, hatda olaryň bir böleginiň hem üstünde saklanyp bilmeris — bu aýdyň zat. Emma biz eýýäm Rebbimiz bilen has içgin derejede özara gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýän birnäçe häsiýetnamalara garap geçdik. Ondan başga-da, sizde Rebbiň şahsyýetiniň we Onuň Ruhunyň çäklendirilmedik baýlygyny öwrenmegiňiz üçin tutuş bir bakylyk bar ahyryn! Nähili bolsa-da, meniň ýatladasym gelýän bir zat bar, ýagny bu — Hudaýyň ýene bir häsiýetiniň bardygydyr. Bu hemişelik — örän inçe, emma örän wajyp häsiýetdir. Hudaý Öz işleri bilen Özüniň hakykatdan hem şeýledigini bize subut edýär. Rebbimiz hemişe bize açan maksatlaryna we häsiýetine laýyklykda hereket eder. Bu hökmanydyr. Ol edil Öz bolşy ýalydyr, başga hili däldir, Onda üýtgemeklik häsiýeti ýokdur. Öz ýüreginde Onuň biziň yzalarymyza ýüregi awaýandyr, Ony söýýänlere we bilýänlere, olaryň mätäçliklerine we isleglerine ýüregi açyk, söýýän Hudaýdyr. Başga sözler bilen aýdanda, Hudaýyň häsiýeti, düýp manysy we maksatlary üýtgewsizdirler, emma Onuň meýilnamalary kesgirdirler. Bu kesgirlik bize ömrümiziň geçişini towakgallygyň, arka çalarlygyň we doganyň üsti bilen üýtgetmegimize mümkinçilik berýär. Eger-de biz dünýäni üýtgetmek üçin Hudaýyň şertleriniň ýerine ýetirilmekleri üçin näme etmelidigimizi bilsek, bu bizi Onuň erki bilen ylalaşyga getirer. Haçan-da biz Onuň Özüne gowy düşünmegi öwrensek, biz Onuň dünýä üçin guran meýilnamalaryna hem düşünip başlarys. Soňra, biz Onuň Ruhy ýoluna eýersek, Onuň mukaddes, söýýän erkine we mukaddes maksatlaryna laýyklykda dileg etmegi öwrensek, onda biz ol meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşarys, käwagtlar bolsa, Hudaýyň meýilnamalarynyň üýtgedilmegine hem gatnaşyp bileris. Edil şeýle görnüşde, biz Ony şöhratlandyrýarys we Onuň döredijiliginiň gatnaşyjylary bolýarys. Ylýas pygamberiň taryhy bize muňa düşünmäge kömek berýär. Hudaýyň erki «Ylýas biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, çyndan doga etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. Ol ýene doga etdi — Gök ýagyş berdi, Ýer öz miwesini getirdi» (Ýakup 5:17–18). Birinji sözlemi ýene bir gezek gaýtalap okaň: «…biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy», — edil biz ýaly gorkulary, şatlyklary, sübheleri, edil biziň kynçylyklarymyza meňzeş zatlary başyndan geçirýän adam. Hatda Ylýasyň bizde bar bolan zatlardan mahrum bolan zatlary hem bardy: Isa entek durmuş meýdançasynda peýda bolmandy we Mukaddes Ruh bolsa imanlylary berkitmek üçin ýokardan inmändi. Şonda-da ol doga etdi we üç ýyllap ýer ýüzünde ýagyş bolmady. Soňra ýene-de täzeden doga etdi we şeýdip ýagyş ýagdy. Näme üçin? Sebäbi Ylýas Rebbimizi bilýärdi we Onuň erkine düşünýärdi. Şol sebäpli hem ol doga edende, Hudaý oňa jogap berýärdi. 1-nji Patyşalar kitabynda ýazylan waka (17-nji babyň 10-njy aýadyna çenli), bize köp zatlara düşünmäge kömek edýär. Geliň oňa göz gezdireliň we şol gurakçylygyň bize nämeleri öwredip biljekdigine garap geçeliň. Ilki bilen, hamala diýersiň iki sany dost Hudaýyň pikirini amala aşyrmak üçin işleýän ýaly, Ylýas bilen Hudaýyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara üns beriň. Ylýas: «Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn» (17:1) diýýär we üç ýyl geçenden soň Hudaý oňa onuň bu aýdanynyň ýerine ýetiriljek wagtynyň golaýlaýanlygy barada bildirýär (18:1). Soňra 1-nji Patyşalarda (18:41–46), Ylýasyň gökde bulutlaryň peýda bolmagyndan hem öňürti ýagşyň sesini eşidenligi barada ýazylýar. Onuň jogaby näme? Doga. Ol «ýerde dyzyna çökdi» we ýalbaryjy äheňde doga okap başlady, soňra bolsa özüniň hyzmatkärini deňziň ugruna asmana seretmek üçin ýedi gezek iberdi. Ahyry azajyk bulut peýda boldy we şeýdip köp ýagyn ýagdy. Mundan biz şeýle netijeleri çykaryp bileris: Ylýasyň Hudaýy bilýänligi sebäpli, ol birinjiden, Hudaýyň onuň ýagyş barada doga etmegini isleýändigini bilýärdi we ikinjiden, eger-de Ylýas doga etmedik bolsa, onda Hudaý gurakçylyk baradaky meýilnamasyny üýtgetmekçi däldi. Ylýasyň Rebbimiziň erkini bilýänligine garamazdan we bu barada Onuň aýdanlaryny bilse-de, Hudaýyň Öz meýilnamasyny ýerine ýetirmegi üçin ýalbaryjy äheňde köp doga etmek talap edildi. Siz heý-de dyzyňyza çöküp, kelläňizi daş pola goýup, doga edip görüpdiňizmi? Synanyşyp görüň! Munuň zerurlygyna düşünmezlik ýer ýüzüne köp sanly ejirleri getirdi. Şu gün Hudaýyň meýilnamalaryny üýtgedip biljek Ylýas ýaly adamlar nirede? Ylýas bir üýtgeşik adam däldi. Onuň Hudaý bilen dostlugy — bu ony beýlekilerden aýratyn edýän ýeke-täk zatdyr. Bu gatnaşyklaryň yakynlygyna görä, dogalaryň netije bermekleri üçin, ol nähili doga etmelidigini bilýärdi. Kim Hudaýyň meýilnamalaryny üýtgedip biler? Bu Oňa ýakynlar, Onuň häsiýetini we Onuň erkine düşünmek üçin Ony oňat bilýänler, Hudaýyň Özüniň meýilnamalaryny üýtgetmekligi üçin diňe bir doga edýänler däl-de, ony isleýänlerdir. Bu siziň we meniň üçin hem ullakan mümkinçilikleri açýar, sebäbi şu gün Hudaý Ylýas ýalylary agtarýar — Özi bilen dostlugy saklajak we Oňa gulluk etmegi ähli zatdan beýikde goýjak erkekleri we aýallary agtarýar. Biziň her birimizde edil bu işi etmek üçin diňe bir gahrymançylykly güýç-kuwwadymyz bolman, eýsem hatda Injildäki keşpleriň öz dogalary bilen dünýä şeýle täsirini ýetirişi ýaly hem etmäge güýç-kuwwadymyz bardyr. Doganyň imanlyny diňe her bir Patyşanyň ýanyna galdyryp biljek «ýokara galdyryjy» bolman, eýsem onuň bize Hudaýyň ýanynda birmeňzeş şarikdeşligi berýän «deňleýjidigine» düşünýärsiňizmi? Biziň tejribelerimize, akyl ukyplarymyza, bankdaky hasaplarymyza, bilimimize, durmuş derejämize ýa-da maşgala ýagdaýymyza garamazdan, siziň we meniň ruhuň taryhy äpetleriniňki ýaly Oňa birmeňzeş şarikdeşligimiz bardyr. Biz Musa, Ylýas, Ybraýym, Pawlus we Injiliň beýleki köp gahrymanlary ýaly Hudaýyň Öz dostlaryna wada beren «…garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary» (Işaýa 45:3) paýlaşyp bileris. Haçan-da biz olar ýaly Hudaýyň dostlary bolanymyzda, biziň dogamyz üçin hem araçäk galmaz. Bu oýlanmalaryň barysyny biz deslapky diýip hasaplarys, gullugyň üstünlikli bolmagy baradaky doga entek öňdedir. Hudaý bilen dostlukly gatnaşyklar Şeýle sorag ýüze çykýar: Hudaý bilen sazlaşykly gatnaşyklary gurmak üçin nähili şertler zerurdyr? Munuň hiç hili gizlinligi ýok. Edil beýleki soraglara jogap berşi ýaly, Rebbimiz bu ýerde ýoly dogry geçirdi, sebäbi Ol bize ýakyn bolmagy jany-teni bilen isleýär. Eger-de biz Hudaýyň erkine laýyklykda ýaşamak üçin ruhy ýola eýersek, onda biz Onuň bilen araçägi bolup bilmejek hakyky, dogruçyl gatnaşyklary ýola goýup bileris. Biz Hudaýyň ýanyna ullakan ynam we höwes bilen bararys, sebäbi biz Onuň kimligini bilýäris. Şägirtler we pygamberler muňa düşünýärdiler. Imanyň her bir gahrymany Hudaý bilen hakyky dostlukly gatnaşyklary ösdürýänçä, şol araçäge çenli gahryman bolandyr. Şägirt Pawlus Filipidäki imanlylara şeýle ýazdy: «Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn… Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek, garaz ölümden direlişe ýetmek isleýärin» (Filipililer 3:8,10). Bu nähili sözler! Pawlus Isany bilmek üçin ähli zadyny, hatda ömrüni bermäge hem taýýardy. Muny iň esasy hasap edýärdi. Munuň netijesi nähili boldy? Eger-de Pawlus Hudaýy şeýle tanamadyk bolsa, onda şu gün biz başga dünýäde ýaşaýan başga adamlar bolardyk. Ýene bir gezek bir zady belläsim gelýär, ýagny Hudaý aýratyn zehini bolan ýokary ruhly adamlar üçin özara gatnaşyklaryň beýle görnüşini gorap saklaýar. Ol biziň her birimize biziň üçin düşnükli bir usulda ýakynlaşmak isleýär. Ol munuň hakykat bolmagy üçin mümkin bolan zatlaryň ählisini etdi, hatda ondan hem köp zatlary etdi. Dünýäniň ähli dinlerinde adamlaryň öz hudaýlaryny gözlemelidiklerini bilýärsiňizmi? Şol bir wagtda bolsa biziň Hudaýymyzyň — Özi bizi gözläp gelen ýeke-täk Hudaýdygyny bilýärsiňizmi? Adam atadan we How eneden başlap, Hudaý biziň Ony tapmagymyz üçin garaşmagyň deregine Onuň Özi hemişe bizi gözleýär. Özüniň söýgüsiniň beýikligi sebäpli, Ol hemişe birinji ädimi Özi ätýändir. Ol bize pygamberleriniň üsti bilen ýüzlenýärdi, Isa Mesihiň üsti bilen bize elýeterli bolýardy we iň soňunda bize Onuň bilen gatnaşyklarymyzda kämil sazlaşygy gazanmagymyza kömek bermek üçin Mukaddes Ruhy iberdi. Biziň Hudaýymyz arman-ýadaman biziň bilen ýakynlaşmak isleýär. Bize diňe Onuň teklibine jogap beräýmek galýar. «Reb şeýle diýýär: hikmetli hikmeti bilen öwünmesin, güýçli güýji bilen öwünmesin, baý baýlygy bilen öwünmesin. Öwünýän munuň bilen, ýagny düşünjeliligi we ýer ýüzünde mähribanlyk, adalat we dogrulyk edýän Rebbiň Mendigimi bilýänligi bilen öwünsin» (Ýeremiýa 9:23, 24). Size bir wakany gürrüň bermäge rugsat ediň: men ol wakada aýdylan zatlaryň oňat mysal bolmagy üçin doga edýärin. Birnäçe ýyl mundan öň, kommunistik ýurtlara meniň uzak wagtlap giden wagtlarym, kimdir biri maňa goşulanda, men Hudaýdan aýal we maşgala soradym. Men maşgalaly bolsam özümiň uzak dowamly we görgüli syýahatlarymda meniň üstümden basýan ýalňyzlyga hötde gelmäge kömek berer diýip oýlanyardym. Meniň birnäçe gezek Hudaýdan alan jogaplarym anyk we kesgitli boldy: «…çünki terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köpdür» (Işaýa 54:1). Men bu jogaba kaýyl gelmedim, şol sebäpli hem men Hudaýdan özüme aýal we çagalary bermegini soramagymy dowam edip, doga edýärdim. Hudaý maňa aýal we bäş sany gül ýaly çaga berdi, olar hem Hudaýy söýýärler we Oňa gulluk edýärler. Men Hudaýyň ilki başdaky boýun gaçyrmasyna garamazdan (eger şeýle diýmek mümkin bolsa), islän zadymy aldym. Diňe şu gün, ençeme ýyllar geçenden soň, men Hudaýyň näme üçin boýun gaçyranlygyna düşündim. Ol gelejekde meniň maşgalamyň maňa nähili yzalary we görgüleri getirjekdigini bilýärdi. Diňe Ol sözüň doly manysynda, özümiň uzak dowamly we howply saparlarymda maşgalamyň öz arkamda çekmeli ýüküm boljakdygyny öňünden görüp bilýärdi. Men sapara gidenimde, taşlap giden maşgalam baradaky alada yzy üzülmeýän oýlara öwrülyärdi. Nirä barsam-da, meniň öýüm baradaky aladam yzymdan galanokdy, men ony ozal bilmändirin. Çagalarymyň ösüp-ulalýan wagtlary men öz ojagymdan daşda bolmaly bolýardym, hatda telefon jaňlarynyň üsti bilen habar tutuşmaga we hat ýazyşmaga hem mümkinçilik ýokdy. Maşgalada aladalar ýüze çykanda, olara hötde gelmek meniň aýalymyň başyna düşýärdi. Meniň işimiň häsiýeti hem özümiň maşgalama umyt baglamaga mümkinçilik bermeýärdi, men hemişe öz kynçylyklarymdan özüm baş alyp çykmalydym. Men bu mysaly näme üçin getirdim? Başgaça etmek, ýagny maşgalasyz galmak dogry etmekligi aňlatmaýar, emma meniň saýlawym we meniň dogalarymdaky yhlaslarym meniň durmuşyma görgi baryny getirdi. Indi men bir zada ynamly: diňe özümiň ýüregime goýberenlerim maňa yza getirip bilerler. Biz Hudaýa-da eýse şeýdip yza getiremizokmy näme? Hatda men şu setirleri ýazyp durkam-da, men Liwanyň dagly ýerlerinde ýüzlerçe ýaraglanan druzlaryň (musulmanlaryň şaýylar sektasyndaky bir tarapdarlary) arasynda otyryn. Edil şu wagt druzlaryň ýolbaşçysy bilen onuň köşgünde naharlanýaryn. Meniň bu ýerdedigimi hiç kim bilenok we men bu barada hiç kime, hatda öz maşgalama-da gürrüň berip bilemok, ýöne men islendik ýagdaýlarda tolgunmak we gorky bilen oýlanýaryn. Emma men ýene-de bir zada düşünýärin, ýagny Hudaýymyz Isa bilen ýakynlygymyz biziň durmuşymyzy has ähmiýetli edýänine düşünýärin. Musa — beýik töwellaçy Musanyň Ysraýylyň halkyna bolan gatnaşygyny görkezýän bir parça, onuň bu halka bolan ejirli söýgüsi, şeýle hem Musanyň towakga etmek we arka tutmak işinde Hudaýyň häsiýetini bilmegi has aýgytlaýjy bolýan pursatyna bize düşünmäge kömek berýär. Eger Çykyş kitabynyň sahabyny açsak (32–34 baplar), biz onda Musany we Ysraýyl halkyny örän çylşyrymly ýagdaýda göreris. Musanyň Hudaýdan hat görnüşindäki görkezmeleri alyp, Sinaý daglarynda bolan wagtynda, oňa aşakda, ýaýlada garaşýan ysraýyllylar özleriniň örän uzak wagtlap garaşandyklary barada karara geldiler. Olar Harundan özleriniň tagzym etmekleri üçin başga hudaýy bermegini soradylar, ondan soň olar özlerindäki şaý-seplerini ýygnap, olardan öküziň şekilini guýýarlar. Hudaý Musa nesihat bermegini tamamlaýar we ysraýyllylaryň Oňa dönüklik edenlerini bilýär — «gazaply halk» Onuň görkezen ýolundan «basym çykdy» we altyndan guýlan öküze tagzym edýärler. Öz ýazyklaryny öňküden hem beter agyrlaşdyryp, olar altyn öküziň özlerini müsürden alyp çykandygyny yglan etdiler ahyryn! Hudaýyň ahyr soňunda sabyr käsesiniň dolýanlygy düşnükli zat. Ol Ysraýyly ýok etmek barada karara gelenini yglan edýär. Hudaý Musa şeýle diýýär: «Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn…» (Çykyş 32:10). Emma Hudaýyň Öz sözlerini şeýle tamamlaýanyna üns beriň: «…we senden bir beýik millet dörederin…». Beýle yglan ediş Musany köp zatlary özbaşdak etmeli boljak çylşyrymly saýlawyň öňünde goýýar. Hudaý oňa hakykatdan hem wajyp keşp bolmagyň mümkinçiligi barada aýdýar. Bu ilkinji mümkinçilik ýüze çykan badyna Hudaýdan boýun towlan nägadyr we biwepa mähelle bilen asyrlar boýy baglanyşykly bolmagyň deregine, Musa beýik halkyň ruhanysyna öwrülip bilerdi. Biziň aramyzdan näçämiz Hudaýyň beýle teklibinden boýun towlardyk? «Ahyr soňunda, — biz öz-özümize şeýle diýerdik, — eger Hudaýa bu ýigrenjileri ýeriň ýüzünden ýok etmek we Özüni şöhtarlandyrjak halky döretmek üçin meni ulanmak ýaramly bolsa, Onuň bilen jedelleşer ýaly men kimmişim?» Emma hakyky arka tutujy Musa Hudaýyň bu meýilnamasyny ýeke-täk mümkinçilik hökmünde kabul etmedi. Ol Hudaýyň häsiýetine düşünýärdi, Hudaýyň Öz sözüne akylly-başlydygyny, mylaýymlygyny we wepalydygyny bilýärdi. Şol sebäpli hem onuň jogaby şeýle boldy: «Hudaýjan, Sen muny edip bilmersiň! Müsürliler Seniň Öz halkyň diýip saýlan we olary gulçulykdan halas eden halkyňy ýok edeniňi bilenlerinde, olar näme diýerler ahyryn? Mundan başga-da, Sen Öz gullukçylaryň — Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňdan çykardyňmy? Olara beren wadalaryň indi nähili bolar? Sen indi Öz sözüňi yzyna gaýdyp alyp bilmersiň ahyryn!» Ynha, siziň öňüňizde düsgürlige esaslanyp we berk subutnamalary getirip, doga etmekligi bilýän adam dur! «Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi» (Çykyş 32:14). Ýöne munuň bilen bu waka tamamlanmaýar. Musanyň ysraýyllylara ýene bir mümkinçiligi bermegini sorap Rebbimizi ynandyrandan soňra, ol Hudaýyň Öz parzlaryny beren dagyň gerşinden aşaklygyna düşýär we öz halkynyň ýalaňaçlanyp, ol şekiliň öňünde tans edip duranyny göryär. Gahar-gazap bilen olara garşy ýazylan ýazyklary aýyrmaga bolan synanyşygyna gahary gelip (onuň elinde hatyň yeke-täk nusgasy bardy), ol daş sahaplary kül-peýekun edip döwýär we Harundan öz halkyny nädip beýle beýik ýazyga itereni barada soraýar. Harunyň jogaby örän täsin jogap hökmünde taryhyň sahabyna girýär: «…bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä. Olar maňa: „Öňümizden ýörär ýaly bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi (Çykyş 32:22–24). Nädip Haruna ynanjak däl? Göz açyp ýumasy salymda ol butlara tagzym etmekligi we azgynlygy Hudaýyň ýalan täsinlikleriniň birine öwürdi. Geň görmeli zat, emma Musa edil şundan soň Hudaýyň ýanyna dolanyp barýar we öz halkynyň ýazygynyň ötülmegine synanyşyp, iň berk görnüşde ýazylan dogalary okap, dileg edip başlaýar (muny diňe Rimlilere hatda şägirt Pawlusyň Ysraýyl üçin öz halkynyň günäsi üçin eden dogasy bilen deňeşdirip bolar (9:3)). Şeýdip Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi. Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi (Çykyş 32:31, 32). Ol şeýle etmek bilen imanda ägirt ädimi ätdi. Manysy boýunça ol şeýle diýdi: «Hudaýjan, men Seniň dogrulygyňa düşünýärin we ýazygyň ötülmegi barada hem birazajyk bilýärin. Men Saňa diňe Seniň kabul edip biljek ýazygy ötmek üçin ýeke-täk teklibi berip biljek. Sen kabul edip bilersiň. Ynha men, meni olaryň deregine Öz kitabyňdan öçür». Musa Hudaýa boýun egmezlik edenok. Ol käbirleri ýaly: «Hudaý, eger-de Saňa Ysraýyl gerek däl bolsa, onda men hem Seniň bilen galmaryn» diýip, yglan etmeýär. Ýok, Musa öz halkynyň ýazygy üçin özüni pida edýär. Ol edil Isanyň edişi ýaly etmegi teklip edýär. Ol Hudaýyň pikirlerine we häsiýetine ajaýyp düşünip, aç-açanlyk bilen gürleýär welin, ýüz ýyllar geçenden soň hem Hudaý edil ony Ylýas bilen bile Zeýtun dagynyň gerşine çykyp, Isa bilen, Onun ýazyklaryň ötülmegi üçin haçda ölmegi bilen nähili netijeleriň gazanyljakdygy barada söhbetdeşlik etmegi üçin Musany saýlady. Ynha iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy. Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşyrjak işi hakda gürrüň edýärdiler (Luka 9:30–31). Şeýlelik bilen, biz Musanyň Hudaýyň meýilnamasyny gutarnykly meýilnama hökmünde kabul etmegiň deregine, öz halkynyň arkasyny tutmagy bilen, taryhy güýçli üýtgedenini görýäris. Hudaý Musanyň ýazygy ötmek baradaky teklibine şeýle jogap berdi: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn» (Çykyş 32:33). Ysraýyllylar öz eden ýazyklary üçin jezany çekmeli bolarlar. Emma şonda-da, Hudaý Musanyň hatyrasyna olaryň hemmesini ýok etmedi. Soňra Musa bilen Hudaý has ýakynlaşyp başlaýarlar. «Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly ýüzbe-ýüz gepleşerdi…» (Çykyş 33:11). Nähili ajaýyp sözler! Musa bilen Hudaý edil siziň meniň bilen gapymyň agzynda gürrüňleşişimiz ýaly hemme zady bile ara alyp maslahatlaşýarlar! Beýle söhbetdeşlikleriň birinde Musa Hudaýya geň bir haýyş bilen ýüzlenýär: «…Eger men dogrudan-da Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr» (Çykyş 33:13). Musa elbetde Hudaýyň gözlerinde özüne hoşmeýilligi alanlygyny bilýär. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Hudaý onuň bilen her gün gürrüňleşip oturmazdy ahyryn! Şonuň üçin Musa Hudaýa edil öz dostuna ýüzlenişi ýaly ýüzlenýär. Ol Hudaýdan islän zadyny sorap bilerdi, onuň Ysraýylyň hakyky arka tutujysy hökmünde haýyş etmegi tebigy zatdyr we hemme zatdan wajypdyr: «Seniň dostuň bolmagym üçin maňa Özüňi tanamagyma kömek et we bu adamlaryň hakykatdan hem Öz halkyňdygyny tassyk et». Hudaý Musanyň dogasyna hakyky gujak açyp jogap berýär: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi (Çykyş 33:17). Hudaýyň söýgüsini beýle tassyklamagy Musany ýene-de bir ullakan islegi barada haýyş etmäge iterýär. Oňa çenli bu barada hiç kim Hudaýdan soramandy: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi (Çykyş 33:18). Ýa-da Helen Sapperliň terijime edişi ýaly, «Sen maňa Özüňi görkez!» diýen manyny aňladýardy. Musanyň bu haýyşy Hudaýy nähili derejede tolgundyrandyr öýdýärsiňiz? Hudaý oňa şeýle jogap berýär: «Men siziň öňüňizden ähli owadanlygym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin…» (Çykyş 33:19). Hawa, Hudaý Musa ozal hiç bir bendä bermedik zadyny berýär: Sinaý dagynda, Gudratygüýçli Hudaý Musanyň öňünde «Özüniň ähli şöhratyny görkezýär. Munda Musany abat saklamak üçin, Ol Öz ýüzünden başga hiç zady gizlemeýär — «Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» (Çykyş 33:20). Şol wagt Hudaý Özüni açýar, Özüniň kimligini görkezýär, Özüniň häsiýetiniň akyldan azaşdyryjy gylyklaryny ýüze çykarýar: «Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin, rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giňgöwünli, tükeniksiz söýgüden doly we wepalydyryn. Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin» (Çykyş 34:6, 7). Hudaý Musa Özüniň häsiýetini açýar, Öz adynyň manysyny oňa düşündirýär. Ol edil şeýle diýýän ýaly: «Musa, seniň Meni tanasyň geldimi? Ynha Men şeýle: — Adamy söýýän, mähirli we düşünýän; — Sabyrly, paýhasly, hoşgylyk; — Wepaly we hakyky; — Dogruçyl we adalatly». Ýöne Ol munuň bilen çäklenmeýär we Musanyň düşünjesini giňeldýär, Özüni şeýle at bilen tanyşdyrýar: «Hudaý, Hudaý» (şeýle hem «Baky Hudaý, hemme zady erkinde saklaýjy» hökmünde terijime edip bolar»). Bu Musa garaşsyz höküm we Hudaýyň abraýy barada ýatladýar. Hudaýyň beýle haýran galdyryjy açyklygyna Musa nähili jogap berdi? Elbetde, beýik töwellaçy öz wagtyny biderek harçlanok, täze bilimleri özüniň halky üçin işlemäge mejbur etdirdi. Ol şeýle diýýär: «Hudaý, haçan-da Sen Özüňi şeýle atlar bilen atlandyranyňda, men Seniň nähilidigiňi gördüm, bu mende meniň halkymyň bagyşlanyp bolmajak ýazyklaryny hem bagyşlarsyň diýen umydy oýardy! Şol sebäpli hem men Senden haýyş edýärin: bar zada garamazdan, Sen bizi bagyşla we bizi Öz halkyň et!». Bu bolsa hakykatdan hem hemme wagtlarda aýdylan ajaýyp dogalaryň biridir. Iň bir netijeli dogalaryň biridir, çünki Hudaý Musa jogap berýär: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir halkda görlüpeşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň MenRebbiň edýän işini görerler, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin» (Çykyş 34:10). Siz bu ýerde nämäniň bolup geçýänine düşünýäňizmi? Musa Hudaýyň özüne açan häsiýetine düşünmek bilen Oňa ýüzlenýär we Hudaý hem haýal etmän Musa näme islese, hatda onuň soranyndan hem köp berýär. Hatda ol ysraýyllylara hem, olar muňa mynasyp bolmasalar hem — ýene-de bir gezek puryja berýär. Bu nähili baýrak ahyry! Hudaýyň Musany nähili söýşüni görýäňizmi? Halkyň ýazygy üçin Hudaýyň Özüniň dogruçyl gazabynyň bir bölegini Musa tarap gönükdirmegi Hudaýyň Musany ýigrenenligini aňlatmaýar. Musa Hudaýyň gözlerinde ak pata aldy. Hudaý şeýle hem oňa halky üçin özüni pida etmek mümkinçiligini berdi. Musanyň ölmeziniň öň ýanynda Hudaý ony Jansyz deňziň aňry tarapyna, Newo dagynyň gerşine alyp bardy, ol ýer häzirki Iordaniýanyň çäginde ýerleşýär, ol şol ýerden äht edilen ýere göz gezdirdi. «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň» (Kanun tag. 34:4). Köp asyrlar geçenden soňra, döwürleriň dolulygy gelende we taryhyň sahnasynda Isa peýda bolanda, ýazyklar üçin kämil ýazyk ötüji borjy Musanyň egninden aýryldy. Ýene-de bir gezek Lukanyň Hoş Habaryna (9:31) gaýdyp baralyň we Isanyň Özüniň birnäçe dostuny Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, dagyň depesine çykyşyny we olaryň öňünde üýtgeýşine seredeliň. Isanyň haýran galan şägirtleriniň gözüniň öňünde Isanyň Golgotada etmeli agyr zähmetini görkezmek üçin Musa bilen Ylýas peýda boldular. Emma bu barada Musa näme bilýärdi? Ol köp zatlary bilýärdi. Ol belli bir wagtyň dowamynda halkynyň ýazyklary üçin jezany öz üstüne almalydy. Ol Isa Mesihiň ahyr bir gün kämil Gurbanlyk boljak gününiň geljegini bilýärdi. Şol sebäpli hem Musa ol dagda Isa bilen bile durmak rugsat edildi. Şeýdip hem ol ahyr soňunda äht ýerine gadamyny basdy. Geliň indi Mukaddes Kitapdaky bu parçadan Hudaý hakynda bilen zatlarymyzy jemläliň. Biz Rebbimiziň diňe bir Mukaddes, erkin Patyşadygyny bilmedik-de, eýsem Onuň bizi söýýän Atamyzdygyny hem bildik — adalatly, mylaýym, gurbanlyk we Öz sözünde dogruçyldygyny hem bildik. Şeýle hem biz Hudaýyň adamlara jebir getirmegi we Öz halkyny ýok etmegi islemeýänligini görýäris. Ol her hili edip mundan gaça durmaga çalyşýar, Onuň dogrulygy tä Oňa boýun egmedikler jezalaryny çekýänçäler, bir gezek däl, iki gezek däl, ýedi gezek ýetmişinji sapara çenli bizi bagyşlaýar. Hiç kim hiç haçan Hudaýa şeýle diýip bilmez: «Sen maňa mumkinçilik bermediň!» Hudaý biziň ýazyklarymyzy öter we Özüniň dostlary bolmagymyz üçin biz muňa mynasyp bolmasak-da, köp gezek mumkinçilik berýär. Masgaralamagyň we pidalaryň çägi Käbir imanlylar durmuşda iň wajyp zat — bu ölenden soňra göge düşjegine ynamly bolmak diýip oýlanýarlar. Jennetde kepillendirilen ýerden başga wajyp zat bolup bilermi? Eger bu şeýle bolsa, onda näme üçin Injiliň adamlary, ýagny Köne Ähtdäki Musa we täze Ähtdäki Pawlus durmuş kitabyndan öçürilmek üçin özlerini pida hökmünde görkezdiler? Bu iki gahryman Hudaýyň ölümden soň wada berýän jennetdäki durmuşyndan hem wajyp zadyň barlygyny bilýärdiler. Biz Musanyň alyp barýan halkynyň özüni nähili gadyr bilmez alyp barandygyny barada bilýäris. Hudaý ol halky müsür gulçulygyndan azat etdi, onuň duşmanlaryny deňizde gark etdi (Fyrownyň goşununy), Musany we onuň adamlaryny gurakçylykdan alyp çykdy, olara suw we iýmit berdi, hatda çölde guşlary hem berdi. Ol bu halk bilen äht etdi, ony Özüniň saýlan we mukaddes halky etmek üçin olara ýer berjekdigini wada berdi. Ýöne Musa dagda bolan wagty, onuň halky Hudaýa iň erbet görnüşde dönüklik etdiler. Hudaýyň munuň üçin gazaba münenligi geň zat däl ahyry! Musa hem gahar-gazaba münüpdi. Eger-de Musa şeýle gazaba münen bolsa, onda näme üçin ol Hudaýa öz halkyny bagyşlamagy üçin ýalbardyka? Eger-de Hudaý olaryň ýazygyny ötmese, onda özüni durmuş kitabyndan öçürmegini Oňa teklip etmegiň nämä geregi barka? Mümkin bu oýlanylmadyk we seresapsyzlyk bilen edilen arzdyr? Eýse Musa öz teklibiniň netijleriniň wajyplygyna düşünmeýärdimi näme? Onuň bu gadamy nämäni aňladýar? Men, Musa öz hereketiniň ähli agraslygyna düşünýärdi diýip pikirlenýärin. Musa üçin Hudaý hemme zatdan wajypdy. Hudaý ysraýyllylary Fyrownyň hökmünden azat edenden soň, ol öz halkynyň öňünde şu aýdymy aýtdy: «Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin» (Çykyş 15:2). Musanyň bütin ömri Hudaýa gulluk etmek üçin bagyşlanypdy. Onuň üçin bu durmuşyň başga manysy ýokdy we Hudaýdan daşda ömrüniň dowam boljagyna hiç hili umydy ýokdy. Musa Onuň sözleriniň nähili agraslyk bilen çykanyna düşünýärdi. Şeýle hem biraz gijräk Pawlus hem bakylykdaky öz sözleriniň netijelerini doly boýun aldy. Pawlus şeýle diýdi: «Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym» (Rimliler 9:3). Eger-de bu onuň ýakynlaryny halas bolmagyna getirip biljek bolsa, ol özi üçin erbet zada hem razydy. Görşümiz ýaly, olaryň ikisi hem özleriniň doganlaryny — ysraýyllylary şeýle güýçli söýýärdiler we onuň hatyrasyna özlerini pida etmäge hem taýýardylar. Daga gaýdyp barmakdan öňürti Musa öz halkyna şeýle diýdi: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki sizi günäňizden sapladyp bilerin» (Çykyş 32:30). Pidanyň orun çalyşmak taglymaty Injiliň ilki başynda agzalýar. Zebur 48:8-de görkezilişi ýaly, hiç bir adaty adam öz doganlarynyň ýazyklary barada aýtman, özüniň ýazyklarynyň ötülmegini sorap bilmez we şol sebäpli hem Hudaý Öz halkyna Ýazyk ötüji boljak Mesihe, mukaddes Guza garaşmagy teklip etdi. Hudaý Musanyň bu beýik pidaly teklibini kabul etmedi, emma Ysraýylyň serdarynyň güýçli ýalbarmasy Hudaýyň ýüregine täsir etdi we Onuň gahary köşeşdi. Ol halky bagyşlamaga ylalaşdy, emma adamlary terbiýelemek maksadynda günäkärlere we oňa iterijileriň toparyna jeza bermek pikirini bolsa goýmady. Mundan başga-da, Ol indi ysraýyllylary olaryň ýolunda alyp barmak üçin Özüni perişde hökmünde goýdy. Ol aralykda durdy Şeýlelik bilen Musa aralykda durdy. Aralyk — bu gorag ulgamyndaky boşluk, diwardaky deşikdir. Hudaý hiç haçan bizden bu deşigi sement bilen ýa-da kerpiç bilen ýapmagy soramaýar. Injil adamy aralykda durmaga çagyrýar. Emma adama Rebbimiz bilen gepleşiklere girmäge näme hukuk berýär? Men her bir adam Hudaý bilen öz teklibini ara alyp maslahatlaşyp biler diýip pikirlenýärin, emma ol munuň üçin zerur bahany tölemäge taýýar bolan halatynda edip biler diýip oýlanýaryn. Musa bilen bolan wakada biz özüniň azatlygyny pida etmeklige taýýar bolandygyny görýäris. Ol Hudaýyň halkyň ýazygyny ötmegi üçin, ozüniň ömrüni bermek bilen tölege-de taýýardy. Bu pitne däldi. Ol gorkuzanokdy we howp salanokdy: «Hudaý, eger-de Sen bu halky ýer ýüzünden ýok etseň, Sen onda meni hem almarsyň». Ol Hudaýyň ýollary barada beýik görüşleriniň esasynda, pida çekiji adam talap edilip, halas bolmagyň esasynda, ýagny Hudaýyň Oglunyň Öz üstüne bütin dünýäniň ýazyklaryny aljak Hudaýyň Oglunyň talap ediljegi baradaky görüşleriniň esasynda hereket edýärdi. Siz eýýäm Hudaýyň Musanyň teklibine beren jogabyny bilýärsiňiz, ol Çykyş Kitabynda ýazylan (32:14): «Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi». Hudaý hemişe biziň haýsy-da bolsa birimiziň aralykda durup, şeýle diýmegimize garaşýar: «Reb, gel, bilelikde oýlanyşalyň. Seniň Beýik adyň bilen nämeler bolar? Duşman Sen barada nämeleri aýdyp başlar? Adamlar Öz halkynyň şowsuzlyga sezewar bolanlygy sebäpli Hudaý hem şowsuzlyga sezewar boldy diýerler. Sen Öz ähtleriň barada näme pikirlenýärsiň? Reb, bu ýerde başga çykalga bolmaly». Eger töwellaçy Hudaýy şahsy bilýän bolsa, Onuň ähtlerini bilýän bolsa, Onuň häsiýetini we geçmişde Özüniň halkyna nähili ýüzleneni bilýän bolsa, diňe şonda ol Hudaý bilen şeýle gepleşip biler. Hudaýyň Özi bizi şeýle ýakyn özara gatnaşyklary saklamaga çagyrýar: «Indi geliň, subut edeliň; günäleriňiz… gar ýaly ak bolar» (Işaýa 1:18). Biz aralykda nädip durmaly 1987-nji ýylyň Gorkut aýynda Slawýan mesihiler jemgyýetiniň (SMJ) esaslandyryjysy, Hudaýyň beýik adamy bolan Pýotr Deýneka segsen dokuz ýaşynda aradan çykdy. Ol 1914-nji ýylda Russiýadan Birleşen Ştatlara göçdi we şondan bäri hem ol Gündogar Ýewropada we Sowet Soýuzynda ýaşaýan imanlylaryň hatyrasyna zähmet çekip geldi. Öz ýurtlaryny terk edip giden köp ruslar gaýdyp öz ýurtlaryna garamadylar. Emma Pýotr Deýneke beýtmedi. Ol öz ýurdy üçin aralykda durdy we hut şunda hem onuň beýikligi jemlenýär. Aralykda duran gahryman — bu ýeňil, amatly we howpsuz durmuşdan boýun gaçyran adam we onuň deregine beýlekilere kömek bermegiň hatyrasyna kynçylyklary we howplary saýlap alan adamdyr. Pýotr hem edil şeýle adamdy. Demir perdäniň aňyrsyndaky millionlarça imanlylar heniz şu güne çenli hem Hudaýa Pýotruň gullugy üçin minnetdarlyk aýdýarlar, onuň işi, onuň esaslandyran (SMJ) guramasy häzirki wagtda çagalar tarapyndan dowam etdirilýär we Russiýanyň Mesihiler mekdebinde, köp sanly radiogepleşiklerde, kitaplarda we Russiýadaky ýygnak üçin doga etmäge çagyrmak bilen beýleki imanlylara ýüzlenmelerindäki işi amala aşyrýarlar. Ynha, bu aralykda durmakdyr. Soňky wagtlarda Owganystan täzeliklere baý bolan ýurt boldy. Orta Gündogarda hoş habarçylyk işi boýunça konferensiýa geçirildi, onda Owganystan üns merkezi boldy, ol ýerde arap dünýäsiniň köp beýleki ýurtlaryndaky ýaly mesihi ýygnagy ýok. Şunuň bilen baglylykda, şeýle sorag ýüze çykýar: «Näme üçin Owganystanda hiç haçan Mesihiler ýygnagy bolmandyr?» Bu soraga hiç kim jogap berip bilmedi. Uzak dowamly dym-dyrslykdan soň, kesik sesli çal saç wagyzçy ýerinden galdy we şeýle diýdi: «Mümkin hiç kimiň hiç haçan Owganystan üçin öz ömrüni bermedigi üçindir». Men ol syryň edil ortasyna degdi diýip oýlanýaryn. Imanly gahrymanlar — bu ýygnanyşyklary bolmadyk welaýatlara girýän ýa-da ejir çekýän ýygnaklary bolan, ýa-da Injiliň hiç haçan ybadat edilmeýän ýerlere girýän adamlardyr. Olar ol ýerlere aralykda durmaga we adamlar üçin öz ömürlerini bermäge taýýarlyk bilen barýarlar. Käwagtlar netijeler diňe olaryň hakykatdan hem öz ömürlerini berenlerinden soň ýüze çykýar. Häzirki dünýäniň köp ýurtlary ägirt ruhy we fiziki mätäçligi çekýärler. Ýer togalagynyň ilatynyň ýarysyndan köpüsi syýasy we dini çäklendirilmeler zerarly däp bolan hoş habarçykyk işini geçirmek üçin ýapyk. Haçan-da biz milliardlarça adamlaryň Isa barada hiç haçan eşitmändiklerine aň ýetirip başlanymyzda, biz şeýle diýýäris: «Hudaý, ähli dünýä Seniňki ahyryn!» Haçanam bolsa bir wagt geler we ol patyşalyk hakykatdan hem Isa Mesihiň Patyşalygy bolar we bu maksada ýetmek üçin biziň hemmämiz örän köp işlemeli bolarys. Edil biziňki ýaly wagtda Ysraýyl Serdarlaryň Kitabynda (6-njy bap) başlaýan Gedegonyň taryhy biziň wagtymyz bilen kybapdaş gelýär. Şonda Ysraýylyň ogullary eýýäm Kengan topragynda ýaşaýardylar we Hudaý olara Kengan ýerini doly eýelemekleri üçin ol ýerden öňki ýaşaýjylaryny kowmagy höküm etdi. Ysraýyllylaryň käbir tireleri kenganlylary ýerlerinden kowdular, şeýdip olar öz paýlaryny aldylar. Başgalar bolsa bu wezipä hötde gelip bilmediler. Hudaý bu halklaryň ysraýyllylar üçin «…duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar» diýipdi (Ysraýyl Serdarlary 2:3). Ýeňiş bilen bu ýere gadam basan Ýeşuwa we onuň döwürdeşleri ol ýerden gidenlerinde, indiki nesliň halky Hudaýdan daş düşdi we Bagala we beýleki kengan hudaýlaryna tabyn bolup başladylar. Ysraýyl öz duşmanlary bilen söweşini dowam etdirýärdi, emma ysraýyllylaryň Hudaýa gulak asmandyklary sebäpli, Ol Özüniň goragyny aýyrdy, onuň netijesinde bolsa, Onuň halky hemişe çozuşlara, talanmalara we ýenjilmelere sezewar boldy. Ýöne şonda-da, Hudaý häkimleriň arasyndan Özüne gulak asýan, Özüniň sözlerini halka ýetirýän we duşmanlardan azat bolmaklyga kömek berýän dogruçyl erkekleri we aýallary turuzdy. Haçan adamlar häkimleri diňlänlerinde, halk ýeňişleri gazanýardy we ýurtda parahatlyk höküm sürerdi. Emma adatça olar özleriniň erbet ýollaryna gaýdyp barýardylar we ýene-de betbagtçylyklara sezewar bolýardylar. Bu ýagdaýlaryň hemmesi bize örän tanyş ýagdaýlar. Häkimleriň wagtlarynda, edil biziň wagtymyz ýaly «…Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi» (Ysraýyl serdarlary 17:6; 21:25). Ol wagtlar adamlar anyk we kesgitli ahlak çäklerini görmeýärdiler, Hudaýyň parzlaryny kada-kanunlar hökmünde hasap etmeýärdiler, onuň deregine özleriniň hususy düzgünlerini oýlap tapýardylar. Eýse bularyň hemmesi bize agyr hem bolsa şeýle tanyş dälmi we biziň şu gün daş-töweregimizde görýän we eşidýän zatlarymyza kybapdaş dälmi? Gedegon bilen bolup geçen wakalaryň öň ýany Hudaý Öz halkyna kyrk ýylyň dowamynda güllemäge we parahatlykda ýaşamaga mümkinçilik berdi, emma «Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi. Midýanlaryň sütemi sebäpli ysraýyllar gaty garyp düşdüler we Rebden kömek sorap ýalbarmaga başladylar» (Ysraýyl Serdarlary 6:1, 6). Haçan-da biz bu baby okanymyzda, şol wagt adamlaryň öz işleri bilen tümlügiň astynda meşgul bolandygyny görýäris. Gijesine olar bugdaýy üweýärdiler, olaryň ähli ätiýaçlyk harytlary gizlenip saklanylýardy we olar hemme zady gizlinlikde etmeli bolýardylar. Onuň üstesine, dünýäniň ýurtlarynyň ýarysyndan hem kopüsinde ýagdaý şu wagt edil şol wagtdaky ýalydy we adamlaryň köp bölegi edil şeýle ýagdaýda ýaşaýardylar! Ysraýylda Hudaýa ýuz tutmak duýgusy ýüze çykýança, ol ejir baryny çekdi we görgi baryny gördi. Biziň Hudaýa ýagşylyk üçin ýüzlenip bilmegimiz nähili ajaýyp. Ol hiç haçan öz durmuşlaryny elhençlige berenleriň dileýän kömekleri üçin olary ýazgarýan däldir. Haçan-da siz Hudaýyň häsiýetini bileniňizde, siz hemişe Onuň kömegine umyt baglap biljekdigiňize düşünersiňiz. Siz ozal nähili ýazyklary edeniňize garamazdan, Hudaýa ýüz tutanyňyza hiç haçan ökünmersiňiz, sebäbi Ol hakykatdan hem toba eden bendeleriň ýazygyny ötmäge hemişe taýýardyr. Ol şeýle hem siziň eýýäm Isanyň gany bilen ýuwlan yazyklaryňyz barada ýatlamaz. Siz hemişe Ataňyzyň ýanyna gaýdyp baryp bilersiňiz. Ysraýylyň halky Hudaýy çagyrdy we Hudaý olara dogruçyl serdary bermek bilen jogap berdi. Haçan-da Hudaý siziň ýazygyňyzyň ötülmegi baradaky ýalbarmagyňyza jogap berende, Ol olary soň bizi yatdan çykarmak üçin bagyşlamaýar. Ol bize öwretmek bilen jogap berýär, nähili edip arassa we dogry durmuşda ýaşamalydygyny, Hudaýyň ärleri we aýallary bolmak üçin, özleriniň hususy durmuşlaryndaky ýazyklary ýeňmäge kömek berýän, şeýle hem öz mysallary bilen özleriniň yzyna başgalary çekip biljek ärler we aýallar bolmak üçin dogruçyl häsiýeti döretmekligi düşündirýär. Näme üçin ýok? Şu günler, edil müň ýyl mundan ozalkysy ýaly, mesihçilikde öndebaryjylara ägirt uly talaplar bar. Gedegon bilen bolup geçen wakadan bilşimiz ýaly, dogruçyl öňdebaryjylyk diňe biziň şahsy häsiýetlerimize esaslanmaýar. Ol Hudaýyň Öz halky üçin taýýarlan meýilnamasyna, biziň Onuň adamlar bilen özara gatnaşyklaryna düşünmegimize we biziň Oňa tabyn bolmak üçin taýýarlygymyza esaslanýar. Bizi azat edýän hakykat Adamlar Hudaýy çagyran badyna, Ol ilki bilen, olara hakykat ýüzünde nämeleriň bolup geçýänligini düşündirmek üçin Öz pygamberini iberdi. Biz betbagtçylyga sezewar bolanymyzda, biziň hakykata düşünişimiz, edil ysraýyllylaryňky ýaly köplenç örän çäkli bolýar: biz duşmanlarymyzyň özümiziň üstümize çozýanyny ýa-da bizi mejaldan gaçyrýanyny görýäris we kömege çagyrýarys. Ýöne bu wakanyň doly suraty däl. Pygamber halka şeýle diýdi: «Ysraýylyň Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym. Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim. Men Özümiň siziň Hudaýyňyz Rebdigimi we siziň amorlaryň ýerinde ýaşajakdygyňyzy, ýöne olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» (Ysraýyl serdarlary 6:8–10). Pygamber ýüze çykan ýagdaýdaky hakykaty açdy: Hudaý ysraýyllylary rahat we goragly ýagdaýda ýerleşdirdi we olara ýasalan hudaýlara tabyn bolmaklygy gadagan etdi. Indi bolsa olaryň üstüne midýanlar çozdular. Eýsem olar Hudaýyň halkyny, Hudaýyň Öz şertnamasynyň bölegini ýerine ýetirmedigi sebäpli ezýärlermi? Ýok. Hakykat halkyň Onuň sargytlaryna boýun egmezliginde we şertnamadaky öz bölegini ýerine ýetirmegi islemediginde jemlenýär. Biz köplenç şuňa meňzeş ýagdaýa duş gelýäris. Biz özümiziň yzarlanmagymyzy adalatsyz diýip pikirlenýäris, emma biz hemişe näme eksek, şony hem ýygnaýarys ahyryn. Şeýtan biziň baky duşmanymyz, hemişe biziň gapdalymyzda entäp ýörýär we üstümizden inmek üçin amatly ýagdaýyň ýüze çykmagyna garaşyp ýörýär. Biz eken erbetligimiziň, betniýetli hasyly getirip biljekdigi barada hiç oýlanmaýarys. Eger-de biz haşal otlary eksek, haşal otlary hem ýygnarys. Eger-de biziň hoşmeýilli hasyly alasymyz gelse, hoşmeýilli ekini hem ekmelidiris. Eger-de biz ýazyk tohumyny sepen bolsak, ilkinji nobatda bize nämeleriň bolup geçýänine dogry düşunmeklik gerek bolar. Biz tä özümiz barada we özümiziň hereketlerimiz barada hakykat bilen ylalaşýançak, hakyky azatlygy almagymyz üçin bizde hiç hili mümkinçiligimiz hem bolmaz. Ýöne hakykaty kabul etmek ýeňil bolmaýar. Gögüň wekili bilen duşuşyk Halkyň ahy-zaryna jogap hökmünde Öz perişdesini iberip, Gedegon atly ýaş oglany beýik gulluga çagyrypdy. Gedegon Ysraýylyň serdary bolmalydy we halkyny kemsidiji gulçulykdan azat etmelidi. Hudaýyň emrini ýerine ýetirmek üçin iberilen islendik perişde Hudaýyň perişdesi diýlip atlandyrylyp biler, ýöne Köne Ähtde Hudaýyň tabşyryklaryny ýeke-täk aýratyn Hudaýyň Perişdesiniň ýerine ýetirilýänligi barada ýatlanylýar. (Iňlis dili beýle halatlarda «perişde» sözüniň öňünde «the» diýen artikli goýmagy göz öňünde tutýar — Terjimeçiniň belligi). Her gezek şeýle ýagdaýlar bilen çaknyşanymyzda, bir anyk wekil göz öňünde tutulýar. Birnäçe wagyzçylar bu gökdäki wekiliň keşbinde Özüniň ylhamly bolmagyndan öň Isa Mesih geldi diýip düşündirýärler. Ýöne her niçik bolsa-da, bu gögüň wekili edil Hudaýyň Özüniň hökümine eýe hökmünde gürleýärdi. Hudaý bize başgaça garaýar Şeýle sahnany göz öňüňize getiriň: Gedegon bugdaýy üwemeli, ýöne özüniň çöken ýagdaýy zerarly, ol bugdaýy kakasynyň sokysynda döwyär. Birden bir nätanyş adam gelýär we aňyrrakda ekilen dub agajynyň aşagyna geçip oturýar we onuň edýän işine birsalym syn edýär. Soňra bu nätanyş — Hudaýyň wekili — Gedegona geň bolup görnen bir zady aýdýar: «Eý edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» (Ysraýyl Serdarlary 6:12). Gedegonyň bugdaýy duşmanyndan gizlinlikde üweýäni ýadyňyzdamy. Şol sebäpli hem ol örän gorkdy. Emma Hudaýyň Perişdesi Hudaýyň Gedegon bilen biledigi barada aýtdy, mundan başga-da ol oňa sen güýçli är diýdi. Bu ýerden biz şeýle netije çykaryp bileris, ýagny, Hudaý biziň özümiziň özümize garanymyzdan başgaça garaýar. Elbetde, biziň üçin Hudaýyň görýänligi wajyp ahyryn. Meniň adamlaryň öňünde nähili görünýänligim wajyp däl. Mümkin, men iňlis dilini gowy bilmeýän, peltek gollandiýalydyryn. Mende ýa-da özüňizde dürli ýetmezçilikler bardyr, bu wajyp däl. Hudaý size we maňa başgaça garaýar. Hudaý şeýle hem bizdäki gizlin bolup bilinjek mümkinçiliklerimizi hem görýär. Hakykatda bolsa Hudaý biziň başarnyklarymyzy biz imanly bolmagymyzdan hem öň görýär, hatda biz dünýä inmänkäk hem görýär. Hudaý biziň durmuşymyzdaky hadysalary Özüniň biziň üçin göz öňünde tutýan mümkinçiliklerden ugur alyp döredýär. Ynha, näme üçin Hudaýyň bendeleri bilen gatnaşyklary şeýle täsin we Onuň hereketleri hem biziň dürli ýagdaýlarda özümiziň edip biljek hereketlerimizden düýbünden tapawutlanýarlar. Biz öz çagalarymyzda, ruhy çopanda ýa-da ýygnakda, biziň ýanymyzda oturan adamda hiç bir üýtgeşikligi görüp bilmeris. Emma ähli zady başdan aýak görýän Hudaý ýüze çykan ýagdaýa girişýär we bizi özümizde gizlenip duran bolup biljek mümkinçiliklerimize laýyklykda gulluk etmäge çagyrýar. Hiç bir adam Gedegonyň eşiden sözlerini oýlap tapyp bilmez, sebäbi ol sözler gökden inipdiler: «Eý edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» Hudaýa düşünmek Mümkin, Gedegon şeýle çekinendir! Şu gün hem Hudaýyň size şol sözleri aýtmagyny göz öňüňize getiriň. Mümkin diňe düýn siz hoş habary aýtmak üçin özüňizde mertlik tapan dälsiňiz. Birden hem Hudaý size şeýle diýýär: «Sen güýçli esger». Hudaýjan, men Seni dogry eşitdimmi? Sen näme diýdiň? Biziň muňa jogabymyz nähili bolar: biz Onuň bilen jedele girerismi ýa-da ylalaşarysmy? Hudaýyň bizi robot edip döretmedigine düşünmegimiz örän wajypdyr. Hudaý bizi aň-düşünjeli edip ýaratdy, sebäbi biz Hudaýyň Özüne we Onuň häsiýetine düşünmegimiz üçin yhlas etmeli we synanyşmaly, robotlar bolsa muňa hötde gelip bilmeýärler. Hudaý biziň bilen özara gatnaşyklaryna edil Özüniň dosty diýip atlandyran Ybraýym bilen özara gatnaşyklary ýaly has içgin aralaşmak isleýär (Işaýa 41:8). Hudaý olar bilen edil Öz dostlary bilen bolşy ýaly gatnaşygy saklasy gelýär we biz hem Onuň bilen edil öz dostumyz bilen gürleşen ýaly gürleşmelidiris. Eger düşünmeýän bolsaň, onda Hudaýa düşünýärin diýmeli dälsiňiz. Hawa, elbetde, käbir halatlarda biz hiç zada düşunmesek-de, Hudaýa boýun egmeli bolýarys, şol sebäpli hem soraglary bermäge gorkmaň. Gedegon gorkanokdy we soraýardy. Ol perişdäniň salamyna düşünmedi we onda Hudaýdan soramagy üçin birnäçe soraglar ýüze çykdy: «Gedegon oňa şeýle diýdi: meniň jenabym! Eger Hudaý biziň bilen bolsa, onda biziň üstümize näme indi? Biziň atalarymyzyň bize gürrüň beren täsinlikleri nirede, olar şeýle diýipdiler: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“… Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» (Ysraýyl Serdarlary 6:13). Bu örän ýerlikli soragdy. Gedegon özüni oňat alyp bardy, ýöne ol Hudaýyň onuň bilen biledigi baradaky yglan edilmäni bolsa gürrüňsiz kabul etmedi. Ol näme üçin Hudaýyň onuň ýanynda bolmagynyň aýdyň däldigini bilesi gelýärdi. Hakykata aň ýetirmek isleýän gahryman Birnäçe bendeler Injildäki Mattanyň (28:20) aýdanlaryna ýüzlenýärler, onda Isa şeýle diýýär: «…Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn», bu goşgyny çarçuwanyň içine salýarlar we şeýle diýýärler: «Eýsem Isanyň hemişe biziň bilen bolmagy ajaýyp dälmi?» Emma bu tassyklamanyň mazmunyna serediň, ýagny Onuň biziň bilen nähili görnüşde bileligine: «Ähli ygtyýar ýerde, Gökde Maňa berildi». Ýagny Isa hakykatdan hem biziň bilen we biziň tobalarymyz ýa-da mätäçliklerimiz barada Ony çagyranymyzda eşidýär, emma haçan-da biz bolmasyz ýerde bolanymyzda Onuň ak patalary, güýji we hökümi hökman biziň bilen bolmaz. Injildäki Mattada berlen ähtiň konteksti Isanyň bize beren tabşyrygyny öz içine alýar: «Şonuň üçin gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň». Edil şu şertlerde hem Ol hemişe biziň bilen bolmagy wada etdi. Eger hemme zatlar bolmalysy ýaly gitmese, siz Hudaýdan: «Näme üçin beýle?» diýip soraň. Hakykaty tapyň. Gedegonyň hereketi dogry hereket boldy. Biz köplenç dogruçyl gürrüňleri eşidýäris. Biz köp sanly taglymatlary diňledik, köp sanly ruhy aýdymlary bilýäris. Mümkin, siziň ejeňiz Injilden aýatlar ýazylan, elbetde diňe ak patalar ýazylan owadan kagyzly gutujygy berendir. Ýöne sizi hiç kim toba etmäge çagyrmady, ak pata almak üçin nämeleri etmelidigini hiç kim düşündirmedi. Beýle Injil — ýaltalar üçindir. Ýöne biz gutujykdaky wadalar bilen ýaşamyzok. Biz hakykata göz ýetirmeli. Eger-de Gedegon näme üçin hemme işleriň gitmelisi ýaly gitmeýänligi barada soramadyk bolsa, Ysraýylda hiç zat hem üýtgemezdi. Onuň durmuşy hem hiç hili üýtgemezdi. Emma ol manysy boýunça şuny sorady: «Hudaý, eger-de Seniň aýdýan zatlaryň dogry bolsa, onda biziň kakamyzyň gürrüň beren täsinlikleri nirede, sen şony aýt? Men Seniň biziň kakalarymyz üçin eden täsinlikleriň bilen ýaşap bilemok, maňa öz hususy durmuşymda täsinlikler gerek. Men geçen ýyllaryň ýa-da asyrlaryň ruhy höwesleri bilen kanagatlanyp bilemok, maňa şu günki günuň höwesleri gerek. Maňa öz maşgalam üçin häzirki ak patalar gerek. Hudaý, eger Sen hakykatdan hem biziň bilen bolsaň, onda hany meniň bilýän täsinliklerim nirede?» Dogry soraglar we dogry jogaplar Eýsem biz özümizi birahat edýän soraglary Hudaýa berip bilerismi? Hudaý, eger Sen biziň bilen bolsaň, onda hany Seniň ähli täsinlikleriň? Näme üçin men öz gyzymy, giç agşam ýoluň aňyrsynda ýaşaýan mamalaryna iberip bilemok? Näme üçin men ulagymy gulplaman goýup bilemok? Näme üçin meniň şäherimde öýsüz adamlaryň sany şeýle köp? Näme üçin ýetginjekler özlerine kast edýärler? Näme üçin bizde gorky kän? Hany täsinlikler? Hany ak patalar? Hany höwesler? Hany bizi goraýan Hudaýymyz? Dostlar, biz edil şeýle soraglaryň berilmegini şeýle bir isleýäris. Geliň, Hudaý bilen açaçan bolalyň, özümiziň duýgularymyzy açanymyzda Hudaý bilen dogruçyl bolalyň. Bir şert bilen: eger biz hakykaty eşitmäge we oňa laýyklykda hereket etmäge taýyn bolsak. Biz tä dogry soraglary berip başlaýançak, hiç zat üýtgemez. Gedegon hakykatdan hem dogry soraglary berýärdi, sebäbi Hudaý oňa jogap berdi: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» (Ysraýyl Serdarlary 6:14). Gedegony hakykatdan hem Hudaý iberdi, Ol hatda muny midýanlar bilen ilkijni söweşde tutuş Ysraýyla subut etmegi hem wada berdi. Rebbimiz Gedegona özüniň goşunynyň sanyny üç ýüz adama çenli azaltmagy höküm etdi. Olar duşmanyň goşunlaryna garşy söweşmelidiler, «…jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Olar edil deňiz ýakasyndaky çäge ýalydy» (Ysraýyl Serdarlary 7:12). Haçan-da Gedegonyň kiçiräk goşuny midýanlaryň ägirt uly goşunyny derbi-dagyn edende, ýeňişiň Hudaýyň täsinligi bolanlygyna hiç kimde şübhe döremändi. Ruhanylaryň hiç kim tarapyndan berilmedik soraglara jogap berýändikleri barada men köp sapar eşidipdim. Ýöne men işiň has beter halda duranlygy barada oýlanýaryn. Men hiç bolmanda jogaplary kabul etmek taýynlygy we olara laýyklykda hereket etmäge taýynlyk bilen adamlar sorag bermekigi bes etdiler diýip oýlanýaryn. Biz näme etmeli diýip soramaly we jogaby dogry kabul etmeklige taýyn bolmaly. Siziň bir zatlary bilmäge synanyşmagyňyz we dogry soraglary bermegiňiz örän wajypdyr. Şonda siz hemme ýerde özüňiziň gatnaşmagyňyzy talap edýän gorkuly ýagdaýlary ýüze çykaryp bilersiňiz. Meselem, eger-de NýuÝorkuň Kennedi aeroportyndan Bronksa gelinse, onda siz şeýle bir zatlary görersiňiz welin, olar ýa-da sizi gaçyp gitmäge mejbur eder, ýa-da edil Deýwid Uilkersonyň edişi ýaly, haýal etmän mätäçlik çekýänler üçin gulluga başlamaga mejbur eder. Edil şeýle zatlary Kalkutta, London, Amsterdam hakynda hem aýdyp bolar. Gedegonyň güýji Gedegonyň gökden inen perişde bilen ilkinji duşuşygynda Hudaý oňa şeýle sözleri aýtdy: «Öz şeýle güýjüň bilen git». Hudaý nähili güýji göz öňünde tutduka? Gedegonyň nähili güýji bardy? Ol Hudaýa özüniň hiç bir üýtgeşik adam däldigini aýtdy: «…Meniň urugym manaşe tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» (Ysraýyl Serdarlary 6:15). Men Gedegonyň güýji onuň hakykaty agtarmaga taýynlygynda we oňa laýyklykda hereket etmeginde jemlenýär diýip oýlanýaryn. Hudaý oňa ynandy, sebäbi ol özi üçin şöhraty gazanmakçy bolýan adam däldi. Ol özüne degişli bolmadyk zatlara göz gyzdyranokdy, hatda Hudaýyň baýrak beren «güýçli är» sylagynyň berilmegi hem onda şübhe döretdi, hamala ol şeýle diýýän ýalydy: «Men muny halamok. Men kim hakykata tarap ymtylsa, şolary halaýaryn. Maňa özüniň güýjüniň çeşmesiniň diňe Hudaýdadygyny bilýän adam gerekdi. Men edil şeýle adamy hem gözlerýärin. Sen şu güýç bilen hem git. Ol kuwwatlydyr». Adam hakykat bilen ýüzbe-ýüz çaknyşanda, ol dogrudan hem gorkup biler. Hakykatdan hem biz dünýäniň gussaly hakykatyny görenimizden soň, dünýäni üýtgetmeklik üçin ymtylmalar orta adam üçin örän uly bolup görnüp biler, eger biz öz hususy güýjümiz bilen hereket etsek, bu hakykatdan hem şeýle bolýar. Emma Hudaý Özüne kyn soraglary bermäge taýyn bolan we hakykatyň güýji bilen hereket etmek üçin Ondan jogaba garaşýan adaty adamlary ulanýar. Meniň pikirime görä, Injil — bu dogry soraglary berýän, soňra bolsa Hudaýy öz durmuşlaryna goýberýän, ozal adaty adamlar bolan, soňra bolsa adaty däl adamlara öwrülen bendeler baradaky kitapdyr. Adamlaryň adatylykdan adaty dällige öwrülmegi biziň Hudaýyň çagyryşlaryna jogap beren pursatymyz bolup geçýär. Bu çagyryş biziň üçin hem ýaňlanýar. Anyk kynçylygy kesgitlemek Hudaýa dogry soraglary berip, özüniň üstünlikli hereket etmegi üçin jogaby alyp bilýän başga Mukaddes kitabyň gahrymany Nehemýadyr. Nehemýa Iýerusalim barada soranda, oňa şäheriň diwarlarynyň ýykylanlygy, derwezesiniň bolsa ýananlygy barada aýtdylar. Ýykylanlaryň abatlanylmagyny talap etmeginden başga, bu habaryň wajyplygy nämede jemlenýärdi? Esasan alnan maglumatlar şulary aňladýardy: adamlar goralmaýardylar. Adamlar goralmasalar, olar Hudaýyň tabşyrygy bilen ýaşap bilmeýärler. Mezmurçy şeýle diýdi: «Eger binalar ýykylsa, dogry adam näme edip biler?» (Mermur 10:3). Hatda Hudaýyň milleti hem goralmasa, hiç zat edip bilmeýär. Hudaýyň çagasy bolup, adam beýle goragy bada-bat almaýar. Hatda azat ýurduň hökümeti hem öz halkyna ony kepillendirip bilmeýär. Nehemýanyň döwründe ybadathananyň dikeldilenligini ýatda saklamak örän wajypdyr. Emma durmuş dini amalýetiniň merkeziniň — ybadathananyň barlygynda-da howply bolmagyny dowam etdirýärdi, sebäbi jemgyýet — adamlaryň umumylygy — özüniň yzynda gizlenip biljek ygtybarly diwarynyň bolmadyk halatynda aman galyp bilmeýär. Bizde hemme ýerlerde ybadathanalar bar we imanlylar olara barýarlar. Ýöne haçan-da biz mesihi jemgyýetiniň diwarlaryny galdyranymyzda, haçan-da biz birek-birege alada bilen garanymyzda we Isanyň Tenindäki ýaşaýşy häsiýetlendirýän birligi saklanymyzda, diňe şonda Hudaýyň emrini üstünlikli ýerine ýetirmäge goldaw berjek goragy alýarys. Öz ýazyklaryň barada aýtmak Nehemýanyň indiki gadamy — bu toba etmegiň tolgundyryjy dogasy; ol yzarlanýanlar üçin doga etmeýär, sebäbi olaryň betbagtçylykly ýagdaýlary olaryň günäsi bilen döremedi, emma öz eden ýazyklaryny aýdýanlar we amatlylykda we bolçulykda ýaşaýan maşgalalaryň eden ýazyklary barada iç dökenler üçin doga edýärdi: «…Ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp… men we meniň atalarym hem günä etdik. Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik» (Nehemýa 1:6, 7). Dünýä ejir çekýär we onuň mätäçlikleri biziň Hudaýyň sargytlaryny abat saklamadygymyz sebäpli doldurylmady. Men biziň goýberen ýazyklarymyzyň rugsat edilen ýazyklardan hem agyrdygyna ynanýaryn. Biz özümizi örän mylaýym alyp baryp bileris, ýokary ahlakly we hatda takwa hem bolup bileris, ýöne şonda-da hiç haçan öz gazananlarymyz bilen Isany razy edip bilmeris. Biziň köpümiz hiç haçan Hudaýyň emrini ýerine ýetirmäge ymtylmaýarys. Emma biz dogry sorag bersek, bu hem üýtgäp biler: «Meniň doganlarym nähili ýaşaýarlar?» Bu sorag Nehemýany Hudaýyň emrini ýerine ýetirýän gurala öwürdi. Siziň bilen hem şonuň ýaly bolup biler. Hereket etmäge taýynlyk Edil şeýle — dogry soraglary berip, Iýerusalime gitmegiň hökmanylygyna aň ýetirip we öňki ýazyklary barada aýdyp, Nehemýa hereket etmäge taýýarlanýardy. Hudaý onuň eden ähli zatlaryna ak pata berýärdi. Onuň Iýerusalime gaýdyp barmak kararyny amala aşyrmaga patyşa işjeň goldaw we kömek berýärdi. Onuň ähli ýerine ýetirmeli işi başdan aýagyna çenli hoşmeýillidi, emma bu gahrymançylygy gazanmaklyk oňa ýeňil düşmeýärdi. Şäheriň diwarlary dikeldilende, Nehemýa özüniň edýän işini togtatmagyna gönükdirilen üstünden gülmelerden we dil düwşüklerden, duşmanyň topulmalaryndan, ýalan gybatlardan, töhmetlerden ejir çekýärdi. Onuň öz durmuşyna howp abanýardy. Emma ähli päsgelçiliklere garamazdan, Nehemýa Hudaýyň oýlanmalaryny görmegi ýitirmedi we özüniň wezipesini ýerine ýetirdi. Meniň Sibir bilen gyzyklanýan bir dostum bar. Ol Hudaýyň özüni ýeriň bu sowuk çüňkünde how habarçy bolmaga çagyrýanyny bilýärdi, emma bu işi nähili amala aşyrmagy bolsa bilmeýärdi. Oňa bir rus imanlysy şeýle diýdi: «Sibirde hoş habarçy bolmagyň ýeke-täk mümkinçiligi — bu Russiýada tussag bolmak we soňra bolsa Sibire sürgün edilmek». Bu soraga berlen jogap nähili açyk! Meniň dostum nähili hereket etdi? Ol şeýle hem etdi we Sibiriň elhenç lagerlerinde ýigrimi dört ýyllap oturdy. Ol ýerde hemme zat bardy — zorluk, öldürmek we aňzak aýazlarda gul hökmündäki zähmet. Emma bu wagtyň hemme dowamynda ol her gün Isanyň hoş habarçysy bolupdy we özüniň imanyny lagerdäkiler bilen paýlaşýardy. Köpler onuň betnebissizlik bilen edýän gullugynyň üsti bilen Isa Mesihiň ýanyna geldiler. Ahyrynda ol sürgünlikden boşandan soň (ony NýuÝorkda tutulan iki sany rus içalysyna çalyşdylar), men onuň bilen duşuşdym. «Andreý, — ol diýdi, — ýigrimi dört ýylyň dowamynda men bir günem kesellemedim. Hudaý meni gorady». Kim mamla soraglary berse, özüniň wepalylygyna gymmat bahany tölemäge taýýarlaryň hemmesini Hudaý goraýar. Siz dogry soraglary berýärsiňizmi? Siz pidalara taýynmy? Öz öýüňizden başlaň Gedegonyň mysaly Ysraýyldaky betbagtçylyklaryň näme üçin inenine dogry düşünenligi barada aýdýar. Mamla soraglaryň kömegi bilen Gedegon dogry maglumatlary alýardy: Ysraýyl gulak asmanlygy we ýasama hudaýlara tabyn bolýanlygy sebäpli görgi görýär. Şonuň bilen birlikde, ol Hudaýyň bu ýagdaýy üýtgetmäge çagyrýanyna düşünýärdi. Gedegon üýtgetmeleri öz öýünden başlady. Birnäçe asyrlar geçenden soň Isa bize Injili öz öýümizden «Iýerussalimden başlap» ýaýradyp başlamagy buýurdy. Eger biziň hakykaty öýümizde yglan etmäge ýagdaýymyz bolmasa, onda biz beýleki ýurtlarda üstünlik gazanyp bilmeris. Şeýlelikde, Hudaýyň emri bilen Gedegon öz ýanyna on sany adamy aldy we olar bilen bile edil öz kakasynyň howlusynda Bagalyň ýalan hudaýyny ýykdy! Biz Gedegonyň gorkanyny bilýäris. Ol bu işi gije etdi, sebäbi «…Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gedegon bu işi gije etdi» (Ysraýyl Serdarlary 6:27). Emma bir zady ýadyňyzda saklaň, Hudaý bizi özümizden hem oňat bilyär. Hudaý hiç haçan Gedegon gorkmaz diýmändi. Gedegonyň güýçli tarapy — bu onuň hakykata wepalylygydyr, bu häsiýetine esaslanyp, onuň gorkmagyna garamazdan, Hudaý oňa bu işi ynandy. Ol hem özüniň wezipesini ýerine ýetirdi. Ol hereket edip başlady. Özüňize tabşyrylan wezipäni şol bada ýerine ýetirmäge taýyn bolarsyňyz diýip pikirlenmäň. Siz şahsy ýeňşe ädimme-ädim gadam basmaly bolarsyňyz. Şol gije Gedegon hem gorkýardy. Emma ol öz gorkusyna hötde geldi we duşmanynyň üstüne çozdy. Ol edil Hudaýyň oňa ak pata berşi ýaly hereket etdi. Mümkin, bize «mertlik» diýen söze kesgitleme bermegimiz gerekdir. Mertlik — bu gorkynyň ýoklugy däl, emma gorka garamazdan, gaýduwsyzlyk bilen öňe ymtylma. Hudaýyn ärleri we aýallary — imanly gahrymanlar — bu hökman hiç zatda gorkmaýan adamlar däl, bu gorka garamazdan, edilmeli zatlary edýän ýönekeý adamlardyr. Imanyň şahsy tarapy barada maňa gürrüň bermegiň nähili kyn düşýänligine siz düşünýärsiňizmi? Sebäbi mende Hudaý bilen ýigrimi bäş ýyllap işleýän Korri Ten Boom ýaly wepaly dostlar bar. Ol Hudaýyň mert hyzmatkäridi, imanyň hakyky gahrymanydy, oňa özüni kitaplardan we filmlerden tanaýan millionlarça adamlar guwanýardylar. Şeýle-de bolsa, ol şeýle diýýärdi: «Men bir zatdan gorkýaryn — men ýykylaryn we hiç kim bilen gürrüňleşip bilmerin. Edil ejemiň ölmeginiň öň ýanyndakysy ýaly, köp ýyllary düşekde geçirmeli bolarmykam diýip gorkýaryn». Bu Korriniň gorkýan ýeke-täk zadydy we ahyr soňunda edil şeýle hem boldy. Gorka diňe iman jogap bolup biler, ýerdäki ömrümiziň iň soňky pursatyny hem goşup, biz ony özümiziň bütin ömrümizde saklamaly. Haçan-da biz imanly bolsak, biz şeýtana gorar ýaly zadymyz ýok diýip gygyryp bileris. Injildäki gahryman Eýýubyň hem gorkmagy üçin hiç hili sebäp ýokdy, sebäbi şeýtanyň dogry beýan etmegi boýunça, Hudaý ony Özüniň ak patalary bilen gurşap aldy. Edil şeýle görnüşde, biz hem Onuň emrine tabyn bolsak, Ol bizi hem sylaglaýar. Käwagtlar biz imanly gahrymanyň keşbi barada ýoýulan suratlary göz öňüne getirýäris. Biz hemişe ol hökman howply serhetlerden geçmelimikä, bendeleriň köp sanyna ybadat etmelimikä, Isa üçin tutuş milletleri ýesir etmelimikä diýip oýlanýarys. Emma bu beýle däl, iman özümiziň öýümizden başlanýar. Gahrymanlar — bu Guzy bilen haçyň ýanynda duşuşýan we Onuň gany bilen çagalaryny ýuwýan şol bir eneler we atalardyr! Hakykat başgalara azatlyk berýär Gedegon herekete başlamanka, bütin ýurt ýalan batgalyga batypdy, bu bolsa ysraýyllylary günälere eltdi. Midýanlar milleti basýardylar we bendeleriň aňlary ýalan hudaý Bagal bilen doldurylypdy. Emma Gedegon hakykaty dabaralandyrmagyň hatyrasyna hereketleri bilen adamlary azatlyga çykaryp başlady, bu ýesirlikden ilkinji boşan hem onuň kakasy boldy. Köpler Gedegonyň ýalan hudaýy ýykany üçin gazaba mündüler. Olar Bagal üçin ar almaga hem taýyndylar. Emma Gedegonyň kakasy Ýogaş öz ogluny goramaga durdy: «Bagaly goramak size galypmy? Siz ony goldaýaňyzmy? Onuň tarapyny tutan daňdana çenli öler. Eger bagal Hudaý bolýan bolsa, özüni ýykandan aryny özi alsyn, Bagalyň özi hasaplaşsyn» (Ysraýyl Serdarlary 6:31). Hakykat Ýogaşy azatlyga çykardy. Örän tiz wagtdan beýlekiler hem hakykat tarapyndan azatlyga çykdylar we Gedegon midýanlar bilen söweşe girişende, özleriniň bu söweşe taýýarlyklaryny duýdular. Ýogaşyň aýgytly garşy durmasy biziň hemmämiz üçin: ata-enelerimiz, kakalarymyz üçin mysal bolmalydyr. Biziň hemmämiz çagalarymyzy goramak üçin aýaga galýarysmy? Öz çagalarymyzyň bu dünýä girmekleri üçin biz ýeterlikli işleri etdikmi, olar ol dünýäde hakykatyň dabaralanmagynyň hatyrasyna howplar bilen ýüzbe-ýüz duşarlar. Geliň, öz çagalarymyzyň imanly gahrymanlar bolmak isleglerini goldalyň we olara şeýle diýeliň: «Çagalar, men siziň bilen. Siziň hoş habarçy bolasyňyz gelyärmi? Siz Hudaý üçin howply işi ýerine ýetirmek üçin çagyryldyňyzmy? Ýagşy. Baryň we Hudaýa gulluk ediň. Öz ömrüňizi Owganystan ýa-da Eýran, Kuba ýa-da Hytaý üçin beriň. Siziň ejeňiz we kakaňyz siziň bilen bile bolarlar. Biz sizi ol ýerde diňe howply bolanlygy sebäpli öýde saklap galmaga çalyşmarys». Şol wagt hem Hudaýyň Ruhy gelýär Gedegon birinji gadamyny ätmäge başlanyndan soň, onuň bilen bir üýtgeşik zat bolup geçdi. Onuň duşmanlary aýaga galdylar we Hudaýyň milletine haýbat atyp başladylar: «Gedegona Hudaýyň ruhy siňdi. Şondan soň Gedegon surnaý çalyp…» (Ysraýyl Serdarlary 6:34). Şonda Hudaýyň bendeleri hem silkindiler we urşa taýynlanyp başladylar. Gedegon hakykata göz ýetirip, başga bendeleriň hem oňa göz ýetirmekleri üçin ýol açdy, soňra bolsa onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Kitapda onuň ilki bilen «Mukaddes Ruh we Onuň işleri» mowzugynda barlaglary geçirenligi barada ýazylmaýar. Tersine, onuň hakykata diňe tutuşlygyna gulak asmagy netijesinde oňa Mukaddes Ruh tarapyndan pata berilmegine getirdi. Gedegon wepalylyga bolan synaglardan geçmegini dowam etdirýärdi, ýöne ol hakykaty agtarmagyny hem dowam etdirdi. Ol Hudaý özüne näme buýursa, şolary hem etdi, emma şeýle-de ol Hudaýdan Özüniň görkezmeleriniň hakykylygyny tassyklamagyny sorady. Indi biz ony «ýüňi ýazmak» diýip atlandyrýarys. Gedegon goýun ýüňüni ýere ýazdy we Hudaýdan ony ygal bilen ýapmagyny sorady, munda ýüňüň töweregindäki ýer gurulygyna galmalydy. Soňra ol ýeri ygal bilen ýapmagy, ýüňi bolsa gurulygyna goýmagy sorady (Ysraýyl Serdarlary 6:36–40). Gedegonyň haýyşy Hudaýa ýakmaz diýip hem bolar, sebäbi bu haýyşlar onuň şübheleriniň ýüze çykmasy bolup bilerler, emma Hudaý Gedegony oňat tanaýardy. Onuň haýyşlary hakyna seredeniňde, hakykatyň gözlegidi, bu onuň Hudaýa tabyn bolmak isleginiň barlygyny subut edýärdi. Biziň Hudaýdan gorkmagymyz köplenç biziň Hudaýa soraglary bermezligimizde we şol bir wagtda hem hiç zat etmeýänligimizde ýüze çykýar. Sorag berýäris we «ýüňi ýere ýazýarys», şeýdip özümiz üçin ýagdaýdan amatly baş alyp çykmagy tapmaga synanyşýarys. Biziň hereket edesimiz gelenok, hakykatda bolsa biziň tabyn bolasymyz gelenok. Ýöne şu gün Hudaýa Gedegon ýaly imanly gahrymanlar gerek, duşmanyň näme üçin hemme ýerde Hudaýyň milletini basýanlygynyň sebäbine düşünmäge taýyn bolan gahrymanlar gerek. Hudaýa mamla soraglary bermäge taýýn we soňra bu hakykata laýyklykda hereket etmäge taýyn bolan ärler we aýallar gerek. Eger biz muny etsek, Hudaý bize özümiziň hereket etmegimiz üçin zerur bolan ynamy berer. Gedegon öz ýeňişlerini kuwwatly goşuny bilen gazanmaýardy. Edil biz hem özümiziň fiziki güýjümize umyt edip ýeňip bilmeris. Hudaý Öz halkyny Oňa wepaly bolan adamlaryň kiçijik toparynyň kömegi bilen azat edýär, hakykaty gözleýänler we gulak salmak bilen bilelikde gelýän güýçden peýdalanmaga taýyn adamlaryň kömegi bilen azat edýär. Ýeňşiň bahasy Gynansak-da, men şu gün biziň köpümiz ruhy «Monopoliýa» oýnaýarys diýip oýlanyaryn. Biz dörtburç kubigi oklaýarys we açyk karta boýunça hereket edýäris: «Göni hasyl baýramyna tarap ýöre, Getsemanide saklanma, Golgotada durma, soňra bolsa öz ýüz dollaryňy al». Bu biziň gullugymyzyň peýdaly bolmagy, şeýle hem dünýäni halas etmek üçin ölüm howply oýundyr. Men kommunistik ýurtlarda bolanymda, köplenç öz ýurtlaryny taşlap, «azat» Günbatara gitmek üçin taýyn bolan ýaş ruhanylara duş gelýärin, esasan hem Birleşen Ştatlara gitmek isleýän ruhanylara duşýaryn. Eger-de Hudaý size şu ýerde ruhany bolmak wezipesini ýüklän bolsa, onda Onuň goýunlaryny şu ýerde bakyň, gaçyp gitmäň. Siz Hudaýyň çagyran ýerinde galmalysyňyz we gulluk etmelisiňiz. Siz duşman bilen onuň hemmelerden güýçli bolan ýerinde Hudaýyň hatyrasyna has çalasynlyk bilen göreşip bilersiňiz. Eger siz uruş meýdanyny taşlap gitseňiz we dawadan gaçmakçy bolsaňyz, onda siziň gullugyňyz diňe bir netijesiz bolmaz-da, eýsem siz özüňizi hem Hudaýyň goragyndan mahrum edersiňiz. GAHRYMANYŇ ÝOLUNDAKY PÄSGELÇILIKLER Hususy bähbitleri yzarlamaga bolan tagallalar Öz ýurdundan «howpsuz» ýerlere gidenleriň köpüsiniň ynamlaryny ýitirenligini men bilýärin. Hudaý olaryň bolýan şertlerinde göreşi alyp barmaklary üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün edýärdi, emma olar özleriniň baran ýerlerindäki ösen jemgyýetdäki maddy taýdan abadançylyklara öwrenişmeklige düýbünden taýýar bolmadyk halatlary örän ýygy gabat gelýär. Bir gezek men Kubadaky bir ybadathanada bu pikirlerim bilen paýlaşdym. Ýygnanyşykdan soňra meniň ýanyma ruhany geldi we ýuwaş oturan mähelläniň öňünde şeýle diýdi: «Dogan Andreý, men Amerika gitmegi ýüregime düwüpdim. Häzir meniň resminamalarym munuň üçin barlagdan geçirilip ýör, emma men siziň öz goýunlaryny bakmak üçin öz ýaşaýan ýerinde galmalydyr diýip aýdanyňyzdan soň, men hiç ýere gitmezlik barada karar etdim». Ýygnanyşyga gatnaşýanlaryň ählisi bir adam ýaly bolup, ýerlerinden turup el çarpyşyp başladylar. Olar şeýle diýýärdiler: «Sag boluň ruhany!» Olar bu adamyň özleri bilen galmagy karar edeni üçin özlerini şeýle bagtly saýdylar. Soňra men ol adamyň öz ýurdunda Hudaýyň emrinde üstünlikli işleýänligi barada eşitdim. Injiliň bir sahypasy Otuz ýyl mundan ozal men ilkinji gezek Sowet Soýuzyna gelenimde, bu ýurtdaky ruhanylaryň köpüsinde Injil ýokdy. Köp ybadathanalarda sapak berenimde, Injil boýunça meniň aýdýan aýatlarymy yzarlamak üçin bir adamda hem Injil ýokdy. Bu ybadathanalardaky imanlylar Hudaýyň haýsydyr bir ýol bilen özlerine Injil bermegi barada doga edýärdiler. Adamlar Hudaýyň Sözüniň ýekeje bir nusgasy barada doga edýärdiler — diňe ýekejesi barada! Ynha bir gezek hem Hudaý olaryň dogalaryna jogap berdi — olaryň şäherine Injil getirýän bir adam geldi. Adamlaryň başdan geçiren şatlyklaryna we tolgunmalaryna siz hiç haçan düşünmeseňiz gerek. Sebäbi olaryň ruhanysy ilkinji gezek öz eýeçiligine Hudaýyň Sözüniň bir nusgasyny aldy. Edil bolmalysy ýaly, ol özüniň Injilini oňat görýärdi! Edil bolmalysy ýaly, ol şatlygyndan ýaňa aglaýardy we gygyrýardy, bu gymmatly kitaby bagryna basýardy we ogşaýardy. Men adamlaryň bu hadysa nähili begenenlerini bildim, sebäbi men bu waka hut özüm şaýat boldum. Dynç güni gelip ýetende, ruhany adamdan ýaňa doly ybadathanada öz Injilini eline aldy we ýokary galdyrdy. Adamlar «şükür» diýip gygyryşdylar we hemme gelenler Hudaýy şöhratlandyrdylar. Beýik Hudaýymyza nähili şatlyk, nähili minnetdarlyk, nähili öwgi! Men şol gün ruhanynyň okan dogalarynyň şeýle içgin bolanlygyna ynanýaryn, sebäbi onuň elinde Mukaddes Kitabyň nusgasy bardy. Emma ýygnagyň ahyrynda, ol özümiň hiç haçan edip bilmejek bir zadymy etdi. Ol münmerden düşdi, Injili sahypa-sahypa edip ýyrtdy we olary adamlara paýlap başlady. Şeýlelik bilen ybadata gelenleriň her birine ruhanynyň ýaňy-ýakynda alan Injilinden bir sahypadan düşdi. Şol gün her bir adam Kitabyň bölegi bolup duran Ýazgy bilen öýlerine gaýtdylar. Biraz soňrak ruhany ýolda öz ýygnagyndaky bir adama gabat geldi, ol onuň bilen adatdakysyndan has şatlykly ýagdaýda salamlaşyp, ony garşylady. — Doganym, — diýip ruhany oňa ýüzlendi, — sen geçen hepdede oňat sahypany alan bolmaly. Ol adamyň gözleri ýaldyrady: — Hawa, ruhany, siz maňa şeýle bir ajaýyp sahypany berdiňiz! — Size nähili sahypa düşdi? — Maňa Ýeremiýa pygamberiň Kitabyndan bir sahypa düşdi. — Oho, — diýip ruhany aýtdy, — örän geň zat. Bilýärsiňizmi, Ýeremiýa ölümiň teşnesinde bolupdyr, ony kowupdyrlar, sebäbi ol dogruçyl adamlara Hudaýyň hökümini çykarypdyr. Ony tussag edipdirler, ýenjipdirler, sütem beripdirler. Ony çukura taşlapdyrlar, sürgün edipdiler we ol sürgünde hem ölüpdir. O diýen bir ylham beriji kitap däl özi, şeýle dälmi? — Tersine, ruhany, bu sahypa maňa örän uly ylham berýär. Onda näme hakda aýdylandygy barada biýärsiňizmi? Ýeremiýa şeýle diýipdir: «Maňa Hudaýdan söz geldi». Ruhany, eger-de Hudaýyň sözi Ýeremiýa gelen bolsa, bu maňa hem gelip biler ahyryn. Bu meniň üçin hem Hudaýyň sözi bolýar! — Ýöne… diňläň, men size başga sahypa beräýeýin? Ynha, meniň elimde Injildäki Mattanyň hatynyň sahypasy bar. Alyň şuny. Men ony size hepdäňiň ahyryna çenli bereýin. — Ýok, haýyş edýän, — diýip ol adam garşylyk görkezdi. — Maňa Hudaýdan Söz geldi, bu hem meniň durmuşymy düýbünden üýtgetdi. Ynha, biz şeýle jogap bermeli. Biziň bulam-bujar, azaşan, ýazykly we bikanun dünýämize Hudaýyň Sözüniň gelmeginiň özi hem, biziň durmuşymyzda ägirt uly üýtgetmeler barada aýdýar ahyryn. Biz her haçan hem bolsa, Hudaýyň Sözüne eýelik etmegimiziň özümize nähili artykmaçlyklary berjekdigine aň ýetirip bilermikäk? Adamyň durmuşynda mundan ajaýyp zat bolup bilmez, sebäbi bu bize halas bolmagy getirýär. Hakyky taryh Injilde Hudaýyň Sözüniň adama gelýänligi barada ýüzlerçe mysallar getirilýär. Edil şu sebäbe görä durmuşy üýtgänleriň biri Ýunusdyr. Ýunusyň Kitaby şeýle başlanýar: «Ýunusa Rebbiň sözi geldi». Köp adamlara Ýunus barada aýdylýanlaryň hakykatdygyna ynanaýmak kyn düşýär, ýöne men munuň hakykatdygyna gaty ynanýaryn. Bu kitapdaky her bir söz — hakykat. Ýunus Isanyň hut Özi bilen deňeşdirilýän ýeke-täk pygamber bolan. Haçan-da taryhçylar we fariseýler Isadan özlerine alamat bermegini soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Erbet zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Çünki Ýunusyň üç gije-gündiz bir balygyň garnynda galşy ýaly, Ynsan Oglu-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Ninewiniň halky magşar güni bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler; Ynha bu ýerde Ýunusdan hem uly Biri bar» (Matta 12:39–41). Isanyň öňündäki ölümini we direlmegini Ýunusyň bir balygyň garnynda galmagy bilen deňeşdirmegi Ýunus hakynda aýdylmalaryň hakykydygyna meni ynandyrýar. Ýogsa, Isanyň deňeşdirmesiniň manysy nähili bolardy? Ýunus pygamberiň Kitaby — bu ahlak barada oňat sapaklary berýän jadyly erteki däl. Bu hakyky hekaýa, ondan biz köp peýda alyp bileris. Ýunus — birinji wagyzçy Ýunusyň ady «kepderi» diýen manyny berýär. Kepderi Mukaddes Ruhuň nyşanydyr, şol sebäpli hem Mukaddes Ruh bilen laýyk gelmeklik artykmaçlygy bolan adam, elbetde, Hudaýyň habaryny alyp barmakda öz üstüne ägirt uly jogapkärçiligi almalydyr. Artykmaçlyklar we jogapkärçilik hemişe bile barýandyrlar. Biz Ýunus hakynda Hudaý onuň bilen tä gürrüňleşýänçä, ol hakda Ysraýylyň patyşalygynda Jeliläli pygamber bolanyndan başga hiç zat bilemizok (2-nji Patyşalyklar 14:25). Ninewäniň dogruçyl bolmandygy zerarly, Ýunusyň oňa baryp, bu şähere Hudaýyň hökümini yglan etmegi tabşyrdy, Hudaý ol şäheri ýene-de kyrk günden ýok etmegi hyýal edýärdi. Ýunus — başga ýurda wagyzçy hökmünde iberilen Mukaddes Kitapdaky birinji pygamberdi. Bu ýurt Ysraýyl babatynda diňe bir keseki ýurt bolman, eýsem onuň duşmanydam. Eger-de biz onuň gidesi gelmeýärdi diýsek, onda bu biziň onuň taryhyna doly düşünmedigimizi aňladar. Hakykatdan onuň jogaby nähili boldy? Ol Hudaýyň sözüni ýerine ýetirmekden gaçýardy we ters tarapa ylgap barýardy! Biziň birnäçämiz oňa gynanyp hem bileris, sebäbi biz hem Russiýa, Nikaragua ýa-da Kuba höwes bilen gitmeýäris. Biz hemÝunus ýaly oýlanyp bileris: «Eger men ol ýere gitsem, meniň Hoş Habary ýetirmegimiň netijesinde bir zatlar üýtgäp biler. Adamlar toba gelerler. Hudaý olara pata berip başlar we biziň duşmanlarymyz öňküsinden hem güýçlener. Biz bolsa muny islämizok». Ýöne Hudaý dünýäni biziň hyýallarymyza we syýasy taýdan çäklerimize laýyklykda bölmeyär. Biz Hudaýyň Patyşalygyny ýerdäki syýasy gurluşlar bilen deňeşdirip bilmeris. Haçan-da Hudaýyň Sözi bize gelen-de, ol durmuşymyzy başga tarapa geçirýär. Şonda biz «duşmanyň» ýurduna ugrasak, meselem, kommunistleriň ýurduna, musulmanlaryň ýa-da taryhçylaryň ýurduna ugrasak we ol ýerde Injili işjeň ýaýradyp başlasak, onda biziň haýran galmagymyza görä (elbetde, bütin dünyäniň peýdasyna), olaryň biziň «duşmanymyz» bolmaklaryny bes edendiklerini ýüze çykararys. Tabyn bolmak — gahrymanyň lybasy Biziň köpümiz Ýunus şowsuz, gaçgak ýa-da gulak asmaýan pygamber bolupdyr diýip oýlanýarys. Ýöne men oňa iň beýik pygamberleriň biri, hakyky imanly gahryman bolupdyr diýýärin. Onuň amala aşyran zadyna bir serediň ahyryn! Ol örän uly taryhçylar şäherine ugrady we şeýle bir netijeli höwesiň döremegini gazandy, munuň netijesinde Hudaý meýil edýän hökümini aýyrdy we şäher şeýdip abat galdy. Dogrudan hem Ýunus ilkibaşda diňe bir islemezligi däl, hatda tabyn bolmazlygy hem ýüze çykardy. Munuň bilen baglylykda, biz özümizden Hudaýyň emrini ýerine ýetirmezlik islegini ýygy-ýygydan başymyzdan geçirýärismi diýip soramagymyz gerek. Men özümi mümkinçilik bolan badyna Hudaýa gulluk etmek üçin ylgaýaryn diýip biljek däl. Käwagtlar Hudaý meni Özüniň emri bilen bolmaly ýerime süýräp alyp gitmeli hem bolýar, bu köplenç meniň saýlanym bolmaýar. Edil Isanyň Golgotany Özüniň saýlamaýşy ýaly, Ýunus hem Ninewäni saýlamady. Hudaý adamlary olaryň bolmaly ýerlerine ibermek üçin dürli synanyşyklary ulanýar. Käwagtlar Oňa bu barada diňe agzamak ýeterlik bolýar, başga halatlarda Özüniň saýlan adamlaryny ýagdaýlar bilen ýeňiljek çaknyşdyrmaly bolýar. Onuň üstesine-de, käwagtlar Ol biziň ünsümizi Özüne çekerimiz ýaly, biziň durmuşymyza betbagtçylyklary hem goýbermäge mejbur bolýar, Ýunus bilen hem edil şeýle boldy. Diňe şondan soň Ýunus haýran galdyryjy netijeleri gazanan beýik pygamber boldy ahyryn. Biz özümizi Hudaýyň ýuwaş we mylaýym sesine şol pursatda jogap berýäris diýen umyt bilen köşeşdirýäris. Isa Öz şägirtlerinden ýöne ýerden soramady ahyryn, ýagny, biz tabyn bolýarys diýsek we hiç zat etmän otursak (ýa-da juda az zat etsek) ýa-da ilki bilen islemezligi ýüze çykarsak, soňra bolsa toba edip we Perwerdigäriň diýen ähli zadyny ýerine ýetirsek oňat bolmazmy diýip ýöne ýerden soranok ahyryn. Iş ýakmazlyk ýa-da gahryman bolmaga näme päsgel berýär Ýunusyň edişi yaly, Hudaýyň buýran zadyny etmekden gaçyp, başga ters tarapa gaçmakdan erbet zat ýokmuka diýýärin. Bu erbet görnüş haçan-da biz asla hiç hili hereket etmän, doly iş ýakmazlykda jemlenýär. Eger-de biz doly tora düşen gämi ýaly düýbünden gymyldamasak, bizi dolandyrmak mümkin däl. Mesih Ýahýa Laodikiýadaky iş ýakmaz ybadathana barada ýazmaklygy buýurdy: «Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň! Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn» (Ylham 3:15, 16). Hudaý has hem şatlykly wagt geçirişi oňat görmeýär. Dowzahda kynçylygy we onuň çözgüdini bilýän, ýöne munuň üçin hiç zat etmeýänler üçin ornuň taýýarlanyp goýuljagy hem belli zatdyr. Ýunusy nähili diýip atlandyrsa-da bolar, diňe iş ýakmaz diýip bolmaz. Ol Orta ýer deňizinde syýahat etmek üçin Hudaýyň pullaryny harç etdi, emma bu oňa o diýen bir lezzet bermedi. Ol Hudaýyň oňa tabşyranlaryny ýerine ýetirmejek bolup her zat etdi. Emma Hudaý Ýunus üçin başga «ulagy» taýýarlap goýupdy, sebäbi Hudaý adamlary çyndan söýýär. Ol Ninewäni söýýärdi we ol ýerdäki halky halas etmek üçin Ýunusy saýlapdy. Imanly gahrymanlar barada aýdanyňyzda ýalňyşlyk goýbermäň. Hudaý olary haýsy-da bolsa Özüniň çagyryşyna jogap berer diýen umyt bilen üç-dört sany dalaşgäri saýlamaýar. Hudaý bir adamy çagyrýar. Hudaý bizi çagyrýar. Eger siz Onuň çagyryşyna seslenmeseňiz, Onda gapdalda oturyp öz nobatyna garaşýan ätiýaçdaky adamsy ýok. Hudaý her bir adama ýüzlenýär we her bir adam öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekýär. Haçan-da Ýunus Onuň çagyryşyna jogap bermände, Hudaý kiçi — Ýunusy gözläp başlamady. Ýunus üçin Hudaýyň çagyryşy hatda pygamberiň Hudaýdan gaçmaklyga synanyşanynda hem güýjünde galypdy. Dünýäniň talaplaryny doldurmak Ýunus Ýopa tarap ugrady, ýakyndaky deňiz portuna bardy, Tarşyşa gidýän gämini tapdy, ýol kireýini töläp, gäminiň üstüne galdy. Ol öz otagyna girdi we uka gitdi. Haçan Hudaý gäminiň üstüne güýçli gopgunyň turmagyna mümkinçilik berende, Ýunus uklap ýatyrdy. Meniň ejem birahat wyždanly adamyň ukusy erbet bolýandyr diýip köplenç aýdýardy. Emma Ýunusyň mysaly ýazykly wyždan bilen hem arkaýyn ýatyp bolýanlygyny görkezdi. Hatda gopgun hem ony oýarmady. Gämi ikä bölünip barýar, gämiçiler gaty aljyraýardylar, şol wagtyň bar dowamynda Ýunus hezil edip ýatyrdy. Edil biz ýaly. Eýsem şunuň ýaly wagt hem ýatyp bolarmy? Dünýä dargap barýar, çagalaryň ençeme nesli açlykdan ejir çekýärler, rewolýusiýalar turýar, biziň üstümize hemişe ýadro urşunyň howpy abanýar, biz bolsa, mesihiler, arkaýyn ýatmaga het edýäris. Ahyryn gämiçiler Ýunusy turuzanlarynda, olar ondan soradylar: «Sen bize aýt, näme sebäpli bu bela sataşdyk? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Nireden gelýärsiň? Sen nireli? Haýsy halkdan bolarsyň?» (Ýunus 1:8). Adamlary Hudaýyň ylalaşykly habary, ýaradylyş we ösüş baradaky gürrüňler, jennediň teologiýasy, birnäçe adamlar üçin hemme abadanlyklar baradaky gürrüňler kanagatlandyryp bilmez. Adamlara ýer ýüzündäki her bir adama abadanlyk getirýän habar gerek. Olara Hudaýyň söýgüsiniň habary gerek. Biz, mesihiler hökmünde, özümiziň haçan bu hakykaty yglan edenimizde imanly gahryman bolup biljekdigimize düşünmelidiris. Hakykat hemişe özüne çekiji Ýunus hakykaty açmaga taýýarlanýardy, şol sebäpli hem ol Hudaýyň tabşyrygyny ýerine yetirmekden gaçanlygy barada şaýatlykdan başlady. Biziň köpümiz edil şondan başlamaly bolarys. Diňe şonda adamlar biziň habarymyza ynanarlar. Haçan-da Ýunus özüniň biparahlygy barada aýdanda, gämiçiler edil şol wagtyň özünde onuň hakykatdan hem Hudaýyň wekilidigine ynandylar. Pygamber üçin bu nähili netijeli başlangyç! Ol iň çylşyrymly päsgelçilige hötde geldi. Injilde şeýle ýazylan: «Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Soňra Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýtdy» (Ýunus 1:10). Emma Ýunus şundan soň hem Ninewä gitmäge taýýar däldi. Gämiçiler ondan soradylar: «Deňziň köşeşmegi üçin biz saňa näme etmeli? Çünki deňiz köşeşenokdy». Ýunus şeýle jogap berdi: «Meni alyň-da, deňze taşlaň». Ýazyklylyk duýgusy tolgunmanyň ýüze çykmagyna eltýär. Köp adamlary güýçli tolgunma çuňňur lapykeçligiň düýbüne oklaýar we özüni öldürmek baradaky pikirleriň döremegine eltýär. Ýunus hem şeýle ýagdaýa düşdi. Ol tupanyň özüniň günäsi üçin bolandygyny bilýärdi, ol Hudaýa gulak asmadygyny hem bilýärdi. Ol hemme zat gutardy we ölmeli wagty geldi diýip oýlandy. Hakykat-da bolsa, ol Hudaýyň häsiýeti barada oýlanmaga, sowaşmaga we pikirlenmäge berilmeli wagta mätäçlik çekýärdi. Ol bu wagty lähen balygyň içinde galdy. Mümkin olümine taýýarlanýan Ýunusyň ünsüni Hudaýyň onuň ölmegine ýol bermedigi hem çekendir. Hudaýyň bu rehimdarlygy soňoňabaka Onuň Ninewäniň üstünden inderen merhemetleriniň nyşany bolup gulluk edendir. Hudaýyň häsiýetiniň ýüze çykmalary Eger-de biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde, Onuň häsiýeti barada köp zat bilýän bolsak, onda biziň lapymyzy keç etmeklik ýeňil düşmezdi. Biziň hemmämiz ýalňyşlary goýberýäris ýa-da yazyk iş edýäris, emma biz özümizde ýazyklylyk duýgusynyň döremegine ýol bermeli däl. Birnäçeleri öz ýalňyşlarynda özlerini şeýle bir günäkärläp, depressiýa düşýärler, hatda yza serpikýän halatlary hem bolýar. Meniň üçin Injildäki parçalaryň iň bir wajyplarynyň biri — bu Kitapda Hudaýyň Musa Öz häsiýetini açýan ýeridir: «Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: „Men Rebdirin, Rebdirin. Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli tükeniksiz söýgüden doly we wepalydyryn. Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn…“» (Çykyş 34:6, 7). Eger-de biz bu aýaty ýat tutsak we ony hemme düşýän ýagdaýlarymyzda yadymyza salsak, ýagny biz ýalňyz wagtymyz, sussypeslige düşenimizde, bizi günäkärlänlerinde, nädogry düşünenlerinde, tankytlanlarynda ýa-da üstümize topulanlarynda ýatlasak ýa-da biziň özümiz ýazyk iş etsek, ýa-da Hudaýyň gazabyna düşdük diýen duýga sezewar bolsak, onda Hudaýyň bu hakyky häsiýetini bilmegimiz bize hemme päsgelçilikleri ýeňip geçmegimize we öňe gitmegimize kömek berer. Hudaýyň Özi baradaky aç-açanlygy bize Onuň ýazyklarymyzy ötmegini kabul etmegimize we biziň gullugymyzyň üsti bilen Hudaýyň hakykatdan hem başga adamlary üýtgedip bilýänligine we diňe biziň söýgüli adamlarymyzy däl-de, eýse duşmanlarymyzy hem halas etjekdigine ynanmagymyza kömek edýar. Eger biz hakykatdan hem Hudaýa ynanýan bolsak, biz Russiýada Hudaýy ýigrenýän, Injilleri ýakýan, ybadathanalary ýapýan, ruhanylary türmä taşlaýan we ýaş imanlylary sürgüne iberýän kommunistlere ýüzlenip, öňe gidiji mesihi syýasatyny geçirip bileris. Biz Hudaýyň Russiýany gaýdyp gorkmaly bolmaz ýaly ýurt edip biljegine ynanarys. Balygyň içindekä, Ýunus doga okap başlady. Onuň dogasy Ýunus Pygamberiň Kitabynyň ikinji babynda ýazylan we onuň birnäçe parçalary Mukaddes Kitabyň başga bölümlerinde getirilýär, meselem, Zeburyň 30, 41, 68, 119, 129-njy baplarynda. Ýunus üçin Hudaýyň yza çekenligi işläp başlady. Haçan-da ol Hudaýyň häsiýeti barada oýlanyp başlanynda, onuň aňy durlandy we ol şeýle netijä geldi: «Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin, beren kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir» (Ýunus 2:10). Ahyryn Ýunus Ninewä gitmäge taýyn boldy. Balyk Ýunusy daşa, gury ýere çykardy, Hudaý Öz çagyryşyny gaýtalady we bu gezek «Şunlukda Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy» (Ýunus 3:3). Eger biz gitmesek, onda biziň duşmanlarymyz gelerler Ninewe günäden ýaňa gözleri gapylan, ýolundan çykan adamlaryň ýaşaýan şäheridi. Bular diňe bir azaşan adamlar bolman, eýsem tutuşlygyna ýok bolup gitmeklige garaşýanlardylar. Ýunus bu şäheri halas edip biljek ýeketäk adamdy. Ýöne adam bu höküm edilen şäherdäki azaşanlary nädip halas edip biljekdi? Diňe gulak salma, Hudaýyň Sözüniň berýän wadasy bilen halas bolup bilerler, çünki tussagdakylar edil şoňa mätäçlik çekýärdiler. Hudaý bize näme hökum etse-de, biz şony hökman ýerine ýetiräýmeli. Ol näme diýse, biz şony hem gaýtalamaly. Biz Onuň habaryny dünýä ýetirmeli. Ninewäni halas edip biljek başga habar ýokdy, başga hiç hili umyt hem ýokdy. Diňe Ýunusda olaryň janyny halas etmek üçin açar bardy. Edil şu hem ony imanly gahryman etdi. Haçan-da biz imanly gahrymanlar barada aýdanymyzda, biz azaşan dünýä barmak üçin öz üstlerine jogapkärçiligi alan adamlar barada aýdýandyrys. Men «gitmeli» diýýärin, sebäbi Hudaý Ýunusa gitmeli diýip höküm çykardy, edil şu höküm hem Isanyň Injilde Mattadaky beren Beýik tabşyrygynda bar (28 bap). Ninewe, hakykatda bolsa Assiriýa, Ysraýylyň duşmanydy. Hudaý Ysraýyla şeýle diýip hem bilerdi: «Sen olaryň özleri gelýänçäler garaş». Emma olar onuň ýanyna kim hökmünde gelip bilerdiler? Diňe basybalyjylaryň goşuny, aýallary we gyzjagazlary zorlaýan esgerler, basybalyjylar hökmünde, erker adamlary öldürýän we olaryň hemme baýlyklaryny özlerine alýanlar hökmünde gelip biljekdiler. Olar diňe şeýle gelip bilerdiler. Edil şeýle zatlar şu gün hem bolýandyr. Eger biz taryhçylaryň ýanyna Injili alyp barmasak, olaryň özleri biziň ýanymyza gelerler. Emma olaryň biziň ýanymyza alyp gelen zatlaryny biz halamarys. Olar terrorçylar, jenaýatçylar, basybalyjylaryň goşuny hökmünde peýda bolarlar. Olar biziň bolýan çägimize söweşmäge gelerler, sebäbi biz olaryň ýanyna Hudaýyň habary bilen barmadyk ahyryn. Isa gidiň, gidiň we wagz ediň diýdi. Wepaly gullugyň miweleri Hudaýyň çagyryşyna gulak salmak we Onuň Sözüni wagyz etmek adamdan pygamberi döredýär. Bu hökümi ýerine ýetirmek hem Injildäki keşpleri imanly gahrymanlar edýär. Olar häsiýetleri güýçli bolanlygy sebäpli şeýle bolmadylar. Ýunus şeýle hoşmeýilli adam bolandyr diýip oýlanmaýaryn. Ol Hudaýyň mylaýymlygyndan daşarda o diýen bir beýik şahsyýet bolup görünmeýär. Ýöne Hudaýyň iň sada adamlary ulanýanlygynyň hakykaty maňa we size umyt berip biler. Men kim? Siz kim? Nähili bolsa-da, Hudaýyň Sözi bize gelýär, şu Söze görä-de, biz birden ýerimizden turýarys. Biz düýbünden başga adamlar bolýarys. Biz heläk bolup barýan dünýäniň soraglaryna jogaplary bilýäris! Biz näçe jenaýatçylygyň ösüşine, bitertipliklere we bikanunlyga, dünýädäki gün-günden erbetleşip barýan ýagdaýlara näçe köp syn etdigimizçe, şonça-da biz mesihiler hök münde ynamly bolmalydyrys. Biziň adamlary betbagtçylykda göresimiziň gelýänliginde däl we elbetde, biziň göge düşýänligimiz we hemme betbagtçylyklardan gaçyp biljegimiz üçin däl, eger biz gulak salsak we bir zady pida etsek, başga adamlaryň durmuşlary üýtgär. Haýal etmän toba gelmek Ýunus Ninewäniň ýaşaýjylaryna şäheriň ýumrulmagyna çenli kyrk günuň galanlygy barada aýdanda, geň göräýmeli zat bolup geçdi. Adamlar şol bada toba geldiler. Olar ýazykly durmuşlaryndan lezzet almaklaryny dowam etdirip, otuz dokuz gün garaşyp oturmadylar. Näme üçinkä? Ýunus olara toba gelenleri bilen Hudaýyň olar babatynda hoşmeýilli boljakdygy barada wada bermedi ahyryn. Olar hökümiň aýrylmagyna umyt hem edip bilenokdylar. Ninewäniň patyşasy öz permanynda ýaşaýjylara toba gelmeklerini höküm edip, şeýle diýdi: «Belki Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar, şeýdip biz heläk bolmarys» (Ýunus 3:9). Eger olar toba gelmekligi yza çeken bolsalar, höküm gününe çenli ýazyklaryny dowam etdiren bolsalar, onda Hudaýyň hoşmeýilligi olaryň depesinden inmejekdigine men ynanýaryn. Ynha, ýewreý oglanjygynyň mugallymyň ýanyna gelmegi baradaky waka. Oglan ondan sorady: «Mugallym, men haçan toba etmeli?» Paýhasly mugallym oňa jogap berdi: «Oglanjyk, sen ölmeziňden bir gün öň toba gelmeli». Oglanjyk gorkdy-da, şeýle diýdi: «Men haçan öljegimi bilemok ahyry». «Edil şeýle oglum, — diýip mugallym jogap berdi. — Onda sen edil şu wagt toba edäýseň bolmaýarmy?» Bu hem jogap boldy. Mukaddes Hudaý bilen oýun etmeli däl. Dünýä Hudaýyň gözleri bilen garamak Ýunusyn taryhynda biziň üns bermeli ýene bir pursadymyz bar. Bu Ninewäniň toba geleninden soňky Ýunusyň gazaby. Emma men bu hadysanyň diňe bir tarapyna, ýagny üstünlikde gizlenip duran howpa degip geçmekçi. Haçanda adamlar toba edenlerinde, Hudaý olary ýok etmän, olaryň ýazyklaryny bagyşlady. Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi: «Indi bolsa, ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr» (Ýunus 4:3). Biz bu ýagdaýdan nähili sapak alyp bileris? Ýunus gämide ýüzen wagtynda, ol hem bu ýazygyň agyr belasynyň astynda galdy, ol hem depressiýa düşdi we ölümini isledi. Ýöne Hudaý oňa ölmäge ýol bermedi. Balygyň garnynda Ýunus özüniň Hudaý bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýdy we onuň ýüreginden eýýäm özüni öldürmek baradaky pikiri uçup gitdi. Ol durşy bilen Hudaýa gulluk etmek teşneligine düşdi. «Beren wadamy ýerine ýetirerin», — diýip ol mertlik bilen aýtdy. Emma şeýle uly üstünlikden soň hem ol ýene-de ölmek barada oýlanyp başlady. Bu gezek ony beýle lapykeçlige näme iteledikä? Üstünlik, erjellik we bolçulyk adamyň dünýä Hudaýyň gözi bilen garap bilmeklik ukybynyň ýitmegine itergi berýärmikä diýip men oýlanýaryn. Beýle garaýyşsyz öz ýüregiňe agram salyp we dünýä üçin haýsydyr bir zatlary etmeklige bolan ymtylmadan boýun gaçyrmak örän ýeňil bolýar. Näme üçin Ýunusda balygyň garnynda wagty Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin uly isleg döredikä? Bu ýagdaýy meniň pikirimçe, Hytaýyň häzirki zaman ýygnagynda dörän ýagdaý bilen deňeşdirip bolar diýip oýlanýaryn — ol ýerde höwes döreýär, sebäbi agyr ýagdaýlar, basylmak we psihologiýa taýdan basylmalar adamlary öz ýagdaýlaryny hakyky görnüşde görmeklige mejbur edýär: Hudaýsyz olar ejir çekýärler. Olar dünýä Hudaýyň seredişi kimin seredýärler, olarda diri galmak üçin güýçli ymtylyş bar. Olar Mesihi yglan etmäge taýýar. Edil şeýle ýagdaý Rumyniýada, Kubada, Nikaraguada, Polşada, Germaniýada we Russiýada hem bolup geçýär. Bir gezek men Korri ten Boomyňkyda myhmançylykda boldum. Hoşlaşanymyzda ol meniň elimi gysdy-da, şeýle diýdi: «Andreý, aşak seretmegi hem unutma». Bu nähili beýle bolýar diýip oýlandym. Adatça «Dost, ýokary gara» diýilýär ahyryn. Korri meniň aljyranlygyma düşündi we düşündirdi: «Hawa, Andreý, aşak seret. Dünýä Hudaýyň garaýşy bilen seret, sen bir üýtgeşiklik görersiň». Ýaňy-ýakynda men beýle garaýşyň wajyplygyna ýene bir gezek göz ýetirdim, men Russiýadan gaýdyp gelen amerikaly injilçi bilen duşuşdym. Men hem ýaňy ol ýurtdan geldim, ol ýerde rus dilinde Injiliň köp sanyny goýup gaýtdym. Ol: «Andreý, sen Russiýa Injili äkitmegi bes etmeli, sebäbi ol ýerde bir ruhany bir Injili segsen manatdan satýan eken» — diýdi. (Bu şol wagtlar aýlyk hakynyň ýarysyndan hem köp bolýardy.) Elbetde beýle zady eşitmek ýakymsyz boldy, sebäbi biz Injilleri beýle gymmat bahada satmak üçin däl-de, olary mugtuna paýlamak üçin äkidýärdik ahyryn. Men oňa şeýle diýdim: «Dogan, sen muny dogry görüpsiň. Ýöne sen ýalňyş netijä gelipsiň. Ol ýere Injili äkitmekligi bes etmegiň deregine, olaryň sanyny has hem köpeltmeli, şeýtsek, biz onuň bahasyny aşak düşüreris». Görýäňizmi, alnan maglumatlaryň esasynda dürli karara gelip bolardy; işi dowam etmelimi ýa-da ony bes etmelimi. Biziň ikimiz hem şol bir ýagdaýy gördük, ýöne dürli garaýyş dürli netijäniň çykarylmagyna getirdi. Imanly gahryman bolmak üçin biz Hudaýyň garaýyşlaryny ýadymyzda saklamaly. Mümkin, Hudaý muny size buýranynda, Onuň Sözüne ybadat etmeklige islegiňiziň bolmandygyny ýüze çykaransyňyz. Mümkin siz ters tarapa öwrülip, başga ýol bilen gidensiňiz, indi bolsa öz puryjaňyzy ýitirdim diýip hasaplaýansyňyz. Ýöne dünýä — bu Ninewedir, şol bolşy ýaly ýiten we azaşan dünýädir we ol heniz hem siziň Hudaýa gulak salmagyňyza garaşyp oturandyr. Eger biz Ýunusyň taryhyndan özümize sapak edinsek we onuň Hudaýyň hökümine boýun bolmaklyga kejirlik islegine hötde gelenden soň bolan wakadan (Perwerdigärimiz Hudaý tarapyndan «kiçiräk» kömek berilmegi bilen) sapak alsak, onda bizde Hudaýa gaýdyp barmak üçin güýçli höwesimiz bolar we biz Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge howlugarys. Netijede — hakyky adamlar halas bolarlar. Daniýel: duşman düşel gesin däki gahryman Birnäçe ýyl mundan ozal kommunistik ýurtda ybadat edýärkäm, dilmaç bilen gürrüňdeş boldum we Hoş Habary ýaýratmaklygy çäklendirýän häkimiýetlere tabyn bolmazlykda biz nähili uzaklyga girip bileris diýip soradym. Biz şol wagtlar özümizi erjellik bilen alyp barypdyk, betbagçylyklara duçar bolýardyk, yakymsyzlyklara sezewar bolýardyk. Emma bizi tutup, ýurtdan kowýardylar, şonda-da biz täze pasport edinim, ýene-de şol ýurda gelýärdik we bizi ýene-de kowýardylar. Heniz hem Gündogar Ýewropada ýaşaýan dostum maňa şeýle diýdi: «Andreý, Daniýel ýadyňa düşýärmi? Haçan ony ýolbarsyň saklanýan ýerine atanlarynda, Hudaý ony gorapdy. Şonda-da Daniýeliň özi ýolbarslara topulmady we olaryň guýrugyndan çekmedi». Biz abanýan howplara haçana çenli üns berip gezmeli? Haçana çenli biz duşmany hasap etmezlik bilen gezip ýöreris? Haçana çenli biz berk durup, Isa Mesihiň biziň Hudaýymyzdygy hakynada wagyz edip gezeris? Öz diňleýjileriňden şol bada «omyn» sözüni eşitjegiňi bilýärkäň, «haleluýa» diýip gygyrmak aňsat. Ýöne biziň aramyzda kommunistleriň dolandyran wagtynda Gyzyl ploşadda ýa-da başga bir mesihiçilige garşy durýan ýurduň köpçülik ýerinde durup, «haleluýa» diýip gygyrmaga taýynyňyz barmy? Kim duşmançylykly ýagdaýda adamlara Hudaýyň söýgüdigini yglan etmäge taýýar? Haçan-da syýasy ulgam ýa-da baştutanlyk edýän din ýer ýüzünden Mesihiň Ýygnagyny ýok etmäge taýýar ýagdaýlarynda, haçan häkimiýet al-arwahyň göni guraly bolanda, bir özleri ör boýuna galyp, Isa Mesih biziň Hudaýymyz diýip yglan etmek zerur bolanda, şony yglan etmäge taýyn adamlar barmy? Başgaça aýdanymyzda, kim adamlara Hudaýyň Sözüniň hakykydygyny we al-arwahyň ýeňlişe sezewar boljakdygyny aýdyp biler? Daniýel edil şeýle adam bolupdyr diýip men oýlanýaryn. Onuň eden işleri edil ýolbarsyň guýrugyndan çekmek ýaly howply bolupdy. Batmaklygyň alamatlary Daniýel ysraýylyň taryhynda hemme zatlar erbet wagty ýaşapdy. Iýerusalim ýykylypdy, ybadathana harabaçylygyň içinde galypdy, halkyň serdarlary öldürilipdiler, ýaşlary bolsa Babyl ýesirligine alyp gidipdiler, olaryň arasynda dostlary bilen Daniýel hem bardy. Ysraýylyň duşmanlaryna ylham beriji şeýtan ýewreýleri millet hökmünde ýok etmegiň ugruna düşdi. Emma onuň esasy maksady — adamzadyň ýazygyny ötmek baradaky Hudaýyň meýilnamasyny ýok etmekdi. Bu maksat hemişe şeýtanyň topulmasynyň aňyrsynda durandyr. Hatda şeýtan diňe bir anyk adamlaryň garşysyna çykyş etmän, eýsem biziň Hudaýyň emrini ýerine ýetirmegimiziň garşysyna çykyş edýär diýse hem bolýar. Ynha, näme üçin käbir imansyz adamlar imanlylara garanda oňat ýaşaýarlar. Sebäbi şeýtan olara degmeýär. Zebur kitabynyň 72-nji Mezmurynyň ýazary hem muňa geň galýar: «Çünki erbetleriň parahatlykdadygyny görüp, tekepbirlere bahyllyk etdim… Ine, hemişe rahatlykda ýaşaýan erbetler bulardyr; olar baýlyklaryny artdyrýarlar. Men, elbetde, biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum. Çünki her gün mergä sezewar boldum, ertirlerine jeza çekdim» (Mezmur 73:3, 12–14). Emma haçan-da mezmurçy adamlaryň öz durmuş ýollaryny nähili tamamlaýanlaryny görende (diňe ahyrynyň ähmiýeti bardyr), onda ol şeýle diýdi: «Muňa düşünjek bolup, pikire gitdim, ýöne Hudaýyň mukaddes mekanyna girýänçäm, Bu gözlerime zähmetli bolup göründi. Erbetleriň soňuna indi düşünýärin. Elbetde, Sen olaryň aýaklaryny sürçek ýerlere basdyrarsyň, olary harabalyga gaçyrarsyň» (Zebur 73:16–18). Emma soňy başyna bagly bolýandyr. Hudaýsyzlaryň gowşaklygy Daniýeliň taryhynda ýene bir sapak bar, ol bize hudaýsyzlaryň nähili derejede gowşakdyklaryny görkezýär. Danýel pygamberiň kitabynda (2:1) Nebukadnesar patyşasy hakynda gürrüň berilýär, ýagny ol erbet düýş gördi, ol ruhy taýdan tolgundy we rahatlygyny ýitirdi. Eýsem bu geň dälmi? Dünýäniň iň güýçli imperiýasynyň hökümdary gorkudan ejir çekýär, sebäbi ol öz düýşüni düşündirip bilenok. Tebigy bolmadyk bir waka bolup geçýär we tutuş imperiýa düýp teýkaryna çenli tolgunýar. Munda wyždany dogruçyl dälleriň gowşaklygynyň ýüze çykmagyny görmek bolýar. Bu asyryň kommunistleriniň meýilnamalaryna laýyklykda, Russiýada rewolýusiýadan altmyş-ýetmiş ýyldan soň, ybadathana öz işlerini togtatmalydy. Ýöne şu günler nämeler bolup geçýär? Howeslenme, ony hiç hili güýç bilen hem saklap bolmaýar. Ol döwletiň ähli esaslaryny sarsdyrýar, häkimiýetler bolsa muny näme etmelidigini bilmeýärler. Hytaýly merhum serdar Mao hem 1965-nji ýyldan 1975-nji ýyla çenli dowam eden medeni rewolýusiýadan on-on bäş ýyldan soň ýurtda ýekeje hem ybadathana galmaz diýip oýlanýardy. Emma kommunist öňdebaryjylar çuň ukudan soň özlerine gelýärler. Olar ybadathanalaryň sanynyň öňküsine garanda on, ýigrimi we hatda elli esse hem köpelendigini görýärler. Olar bu hadysany düşündirmegi hem başarmaýarlar. Haçan-da biz mesihileriň yzarlanylýan ýurtlaryna baranymyzda, biz bu ýagdaýy görüp şatlanýarys. Biz utulmajak iş üçin göreşýäris. Biz ýeňýäris! Mesihe garşy düzgünler titreýärler, sebäbi olaryň düşündirip bilmejek zatlary bolup geçýärler. Russiýada ene-atalar öz çagalaryny suwa çümdürmek üçin ybadathana eltýärler. Gündogar Ýewropada ýaşlar Hudaýa gelýärler. Nikaraguada ybadathanalaryň sany sandinistleriň häkimiýeti alanlaryndan bäri üç esse köpeldi. Basybalyjylar munuň nämedigine düşünmeýärler. Ruhy urşy alyp barýanlar üçin nähili ajaýyp gelejek. Öz Hudaýyny oňat bilýän hudaýhon halk onuň güýjüniň nämededigine düşünýär. Biziň güýjümiz Mukaddes Ruhda, ýöne bize gazabyň öňünde berk durmagymyz üçin häsiýetimiziň güýji, mertlik, ahlak taýdan erjellik gerek. Daniýel pygamberiň kitabynda (11:33) şeýle diýilýär: «Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler…». Biz hem edil şeýle etmeli. Biz erbetligi paş etmeli, ony daşa çykarmaly we Isa Mesihiň biziň Hudaýymyzdygyny yglan etmeli. Biz Hudaýyň halkynyň yzarlanylýan wagty näme etjegini bilmeýänligi üçin ejir çekmekligine ýol bermeris. Ýöne başga adamlary hakykata getirmek üçin bizde edil Daniýeliň wagtyndaky ýaly kynçylyklaryň şu gün hem bardygyna düşünjämiz bolmaly. Ynha näme üçin biz imanly gahrymanlara seretmeli we daş-töweregimizde bolup geçýän zatlara düşünmekde olardan mysal almaly. RUHY URUŞ Imanly gahrymanlaryň birinji duşmany Meniň iňlis atalygym Hoppi daýy hiç haçan menden: «Andreý, sagat näçe boldy?» — diyip soramazdy. Onuň deregine ol şeýle sorag berýärdi: «Andreý, duşmanlarymyz nähilikä?» Hoppi daýy hemişe iblis bilen söweşerdi, hemişe oňa mekirlik etmegiň usullaryny ýa-da onuň meýilnamalaryny bozmagyň usullaryny agtaryp gezerdi. Ol ruhy söweşlere oňat düşünýärdi we hemişe hüşgärliginiň gymmatyna düşünýärdi. Men onuň söweşjeň ruhunyň öňünde başymy egýardim we özümiňkini hem şeýle ösdürmäge synanyşýardym. Ruhy urşuň biziň kitabymyza nähili gatnaşygy bar? Iň göni gatnaşygy bar. Ilki bilen bir zady bellemeli, ýagny köp imanlylar öz töwereklerindäki erbetligiň we betbagtlyklaryň hemmesi bizi söýýän we hemme zada rugsat edýän Hudaýdan gelýär diýip ýalňyşýarlar, emma bu işleriň barysy biziň duşmanlarymyzyň edýän işleri ahyryn. Iblis size garşy hereket eder. Sebäbi ol bütin dünýäde diňe erbetligiň bolmagyny isleýär. Şeýtan biziň Hudaý bilen gatnaşykda bolmagymyza we Oňa gulluk etmegimiziň garşysyna elinden gelen zatlary edýär. Ol adamlaryň tümlükde we ýazykda ýaşamaklaryny isleýär, sebäbi ol imanly gahrymanlaryň birinji duşmanydyr. Köp imanlylaryň biziň durmuşymyzda duşmanyň hemişe barlygyna heniz hem aň ýetirmeýänleri we onuň meýilnamasynyň bozulmazlygyny isleýänligine asla düşünmeýänleri meniň üçin geň bolup görünýär. Soňky çykýan bestsellerleriň ägirt meşhurlygyna garamazdan, olarda Hudaýyň we şeýtanyň güýçleriniň arasyndaky tutluşyklary oňat ýazyp görkezilýän, meniň baryp gören ybadathanalarymyň köpüsinde ruhy uruş barada bilimleriň ýoklugy hopukdyrýar. Munuň Injiliň hiç hili çäklenme bilen ybadat edilýän milletlere birinji nobatda degişli bolýanlygy has hem geňdir. Haçan-da men azat dünýäniň ybadathanalaryna baranymda, şeýle bellikleri has ýygy-ýygydan eşidýärdim: «Meniň iblis hakyndaky bu gürrüňlere gatnaşasym gelenok — men Hudaý hakynda hezil edip gürleşerdim» — diýen sözleri eşidýärin. Adamlar şeýtan barada gürrüň açylanda özlerinde döreýän ýakymsyz pikirlerden gorkýarlar diýen düşünje ýüze çykýar. Olaryň edip bilýän zatlary — bu ony, üýrüp duran iti hasap etmeýişleri ýaly, ahyrsoňy üýrüp-üýrüp aýrylar diýen düşünjäniň bolşy ýaly, hasap etmän bilerler. Haçan iblis hasap edilmände Bütin dünýä boýunça ejir çekýän ýygnaklar bu meselä düýbünden başgaça garaýarlar. Olar iblisi hasap etmezligiň we ondan hem edil şeýle jogaba garaşmaklykda nämeleriň bolup geçýändigini birinji bolup öz başlaryndan geçirdiler. Elbetde, şeýtana gytak üns berilmeginde hemişe howp bar we birnäçe imanlylar jemgyýetlerinde ony örän köp günäkärleýärler, emma meniň duşan köp sanly imanlylarym beýle ýalňyşy goýbermeýärler. Olar haýsydyr bir sebäpler bilen oňa asla hiç hili üns bermezligi oňat görýärler. Netijede, olarda duşmanyň şu günler ulanýan urşuna taýýarlyk bolmaýar. Birnäçe imanlylar ruhy uruşda ýeňmegiň köp mümkinçiliklerini ellerinden sypdyrýarlar, sebäbi olar bular ýaly ýeňşiň gerekligine düşünenoklar. Meselem, olar erbetlik bilen söweşmekde dogalaryň wajyp bolýanlygyny görmeýärler. Olar şeýtanyň edýän işlerine biparh bolýarlar, sebäbi olar haýsydyr bir goşgulara daýanyp, ýa-da konteksti ünse alman, Mukaddes Kitaby ýalňyş wagyz edýärler. «Isa hemme imanlylaryň hatyrasyna erbetligi ýeňdi, — diýýärler, — olar sebäpli hem şeýtan meniň ýanyma golaýlaşyp bilmez. Men Hudaýyňkydyryn, Ol hem meniň bilen bolup geçýän zatlara gözegçilik edýär, hatda adamyň nukdaý-nazaryndan erbet bolup görünýän zatlara hem gözegçilik edýär. Men munuň bilen göreşmekçi däl, sebäbi men diňe Hudaýyň emri boýunça göreşerin». Bu garaýyş meni örän gorkuzýar we meni üç sany wajyp sebäplere görä ynjalyksyzlandyrýar. Birinjiden, ol şeýtanyň imanlylar üçin hiç hili howpy ýok diýen aldawly pikire esaslanýar. Injil munuň düýbünden ters tarapyny öwredýär. Isa özüniň yzyna eýerijilerine, olaryň Injili ybadat edenlerinde, iblisi gandar we «ýalanyň atasy» hökmünde görkezip wagyz edenlerinde, şeýtan tarapyndan gabat geljek garşylykly hereketleri barada duýdurypdy: «Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy» (Ýahýa 8:44). Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-söhratyny görkezende, Ol hatda onuň sözleri barada jedelleşmedi hem». Haçan-da şeýtan «dünýäniň ähli patyşalyklarynyň we olaryň şöhratynyň» öz elindedigi barada aýdanda, Isa onuň bilen jedele girmedi (Matta 4:8). Hatda Ol ony «dünýäniň taňrysy» diýip hem (Ýahýa 14:30) atlandyrdy. Täze Äht bize şeýtany imanlylaryň aýyplaýjysy, töhmetçisi hökmünde görkezýär (Ylham 12:10), azdyryjy (1 Selaniklilelir 3:5), päsgel beriji («bu dünýäniň taňrysy» (2 Korintoslylar 4:4)), «bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz» (Efeslilere. 2:2), «mekir»(Matta 4:4) we duşman hökmünde görkezýär (Matta 13:39). Pawlus «Şeýtan Perişdäniň nurly keşbini edinýär», oňa gulluk edýänler bolsa «hakykata gulluk edýänleriň keşbini edinýärler» diýip duýdurýar (2 Korintoslylar 11:14, 15). Petrus ony, kimi ýuwutsamkam diýip «arlaýan ýolbars» hökmünde häsiýetlendirýär we bize hüşgär bolmaklygy nesihat edýär, sebäbi biziň garşydaşymyz bütin dünýäde bize, biziň doganlarymyza we uýalarymyza hemişe ejir baryny çekdirýär. «Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir. Dünýädäki doganlaryňyzy-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň» (1 Petrus 5:8, 9). Bularyň barysyny bilip, mesihi şu gün şeýtanyň biziň üçin hiç hili howp salmaýanlygy barada nähili oýlanyp biler? Ikinjiden, bu düýbünden rehimsizlik bolýar, men oňa garşy bolýaryn. Bu ýagdaýda logiki taýdan oýlanmalar şeýle bolýarlar: «Maňa hiç hili howp abananok, meniň söýýänlerime-de howp abananok, kimdir birleri bilen bolup geçýän zatlar meni gyzyklandyrmaýar» — diýen manyny berýär. Ynha, haçan-da siziň imanyňyz ýalana esaslananda, nämeler bolup geçýär? Siz ýalan taglymatdan başlaýarsyňyz, ýagny şeýtan mesihä zyýan ýetirip bilmez diýen taglymatdan günä gazanýarsyňyz. Bu ýagdaýda — bu galan dünýä babatynda siziň garasöýmezligiňiziň we rehimsizligiňiziň günäsidir. Hudaýy bilip we söýüp, ölüp barýan adamlardan ýüz döndermek bolmaz, Ol bize olary söýmegi we halas etmegi sargaýar ahyryn. Elbetde, diňe eger biz şeýtanyň ýalan ynandyrmalaryna ynanmaýan bolsak, onda (şeýtan hem muny oňat bilýär) hemme zat mümkin bolar! Meniň lapymy keç edýän üçünji sebäp, bu şuňa meňzeş nazarýete laýyklykda, biziň erbetlige işjeň garşy durmaly däldigimizde jemlenýär; birden ol ýüzi örtülen gowulykdyr? Bu Gamaliýeliň paýhasly maslahaty diýlip atlandyrylýan häzirki zaman parafrazydyr. Eger ýadyňyza düşýän bolsa, ol fariseýleriň baştutany, Petrusyň we beýleki resullaryň ybadatlaryna päsgelçilik beren sinedrionyň tersine gitmäge het edendir. Deliller? Sebäbi «Indi bu adamlardan el çekiň, olary goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider. Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, tersine Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň» (Resullaryň işleri 5:38, 39). Bize, mesihilere, beýle ýalan netijelere daýanman, bilimlere daýansak, özümiz üçin oňat bolar. Hudaý bize adamzatdan nämeleriň gelip çykýanyny (teninden), nämeleriň Hudaýdan gelýänligine düşünmegimiz üçin zerur bolan paýhasy bermegi wada etdi ahyryn (Ýahýa 1:5; 1 Ýahýa 4:1–6). Bize beýle halallyk bilen çykýan ötünçlere gelmek gerek däl, hemme zat öz-özünden düzelip gider diýip, Hudaýyň maksatlaryny hasap etmezlik bolmaz. Gamaliýel hem manysy boýunça hut şeýle hem etdi. Biz şeýtanyň tä hüjüm edenine çenli, özüniň barlygyny Mesihiň Teniniň bilmezligi üçin, Onuň Tenine (ýagny ýygnaga) haýsydyr bir agyryny duýdurmaýan serişdäni pürkmäge taýýarlanyp durandygyna düşünmelidiris. Apatiýa, fatalizm, biparhlyk, rehimsizlik — bu onuň peýdalanmagy oňat görýän agyryny duýdurmaýan serişdeleriniň bir görnüşidir. Mylaýym, şahly garagol? Men Hoppi daýynyň «Duşmanyň ýagdaýlary niçik?» diýen soragyny biziň hemmämize bermek erbet bolmazdy diýip pikirlenýärin, sebäbi biz özümiziň garşydaşymyzyň edýän zatlaryna ünsli bolmaly. Eger-de biz Hudaýyň özümizden garaşyşy ýaly güýçli töwellaçy we arka tutujy bolmak isleýän bolsak, onda jogap bermeli boljak ýene-de iki sany wajyp sorag bar: biziň duşmanymyz kim we biz ony nädip ýeňmeli? Geliň, şeýtanyň hakykatdan hem kimdigine garalyň we onuň ýörelgeleriniň haýsy biriniň has şowludygyna garap geçeliň. Soňra bolsa biz duşmany ýeňmek üçin ulanmaly ýaraglaryň we ýörelgeleriň görnüşi barada gürrüň ederis. Haçan-da siz onuň şeýtan, al-arwah, Beýelzebul, Lýusifer ýaly atlaryny eşideniňizde, biziň göz öňümizde nähili keşp emele gelýär? Multfilmdäki ýüzi gaharly, täsin şahlyja we inçejik guýrukly, gyzyl reňkli içki geýimli we ýany bilen hemişe çarşak göterip ýören keşp göz öňüňize gelýärmi? Şeýtana bu keşbyň ýaraýandygyna men ynanýaryn! Ahyrsoňy, beýle akmak keşbi kim çynlakaý kabul eder? Adamlar öz çagalary üçin ýüzüne şahlyja garagol çekilen we KIÇIJIK ARWAHJYK, ARWAHJYK ýa-da ARWAH ýaly MÄHREM, ýa-da (meniň pikirimçe iň täsirlisi) KAKASYNYŇ KIÇIJIK DÄLIJESI diýen ýazgyly köýnekleri alanlarynda, onuň üstümizden gülýänligine söz ýokdur. Köp imanlylaryň kynçylyklary iblis hakynda şunuň ýaly gülkünç keşpler barada näme pikirlenýänlerinden ýüze çykýar. Olar ony ertekilerdäki gaharly güýç ýa-da gaharly täsir ýetiriji hökmünde kabul edýärler, ýöne hakyky janly zat hökmünde kabul etmeýärler. Şeýtan özüniň şahsyýeti baradaky göz öňüne getirmeleri ýaýbaňlandyrmak üçin elinde baryny edýär, çünki ol biziň onuň nähilidigine göz ýetiren we aýdyň düşünip ugran pursatymyzdan başlap, biziň onuň üçin howp abandyrjakdygymyzy bilýär. Biz onuň öňünden aýdylan ugurda hereket edip başlaýanlygyny göz öňüne getirip başlanymyzdan, ýagny kesgitli çäklerde we aydyň çäklerde hereketini göz öňüne getiren pursatymyzdan, biz onuň ugur-ýoluny öňünden bileris, onuň gizlin syrlaryny açarys we Hudaýyň bizi üpjün eden ýaragyny ulanyp, oňa garşy üstünlikli göreşip bileris. Şol sebäpli hem şeýtan biziň gözlerimizi gapar ýaly, özüniň hakyky ýüzüni görmäge ukubymyzyň bolmazlygy üçin özüniň köp yhlasyny we güýjüni sarp edýär. «Bu dünýäniň taňrysy» Kitapda bize şeýtanyň hakyky keşbini we onuň şahsyýetiniň häsiýetini bilmegimize kömek berýän birnäçe häsiýetleri getirilýär. Ilkibaşda şeýtanyň adynyň Lýusiferdigini we onuň bize berlen artykmaçlyklar ýaly artykmaçlyklar berlen Hudaýyň perişdeleriniň iň ýokary derejesine degişli bolanygyny biz bilýäris: olar Hudaýy diňlemegi ýa-da diňlemezligi erkin saýlap alyp bilýärdiler. Lýusifer biziň hiç haçan düşünip bilmejek sebäplerimize görä özüniň owadanlygynda, beýikliginde şeýle bir özüni arşa çykardy welin, ahyrsoňy ol Hudaýyň tagtyny eýelemäge mynasyp we ýer ýüzüniň doly hökümli häkimi diýip öz ýanyndan karara geldi (Işaýa 14:12–15; Ýez. 28:12–19). Bu gökdäki «döwletiň ýykylmagynyň» birinji we ýeke-täk synagy boldy. Lýusifer öz gozgalaňyna goşulan Hudaýyň ähli perişdeleriniň üçden bir bölegi bilen bilelikde gökden aşak gaýtdy. Olar nirä gitdiler? Daş-töweregiňize seredip görüň! Bu gün şeýtan «dünýäniň taňrysy». Biziň jahanymyz onuň gözegçiliginiň astynda. Biziň dünýämiz onuň düzgünleri boýunça ýaşaýar. Bu sözüň doly manysynda şeýtanyň şahsy patyşalygydyr, onuň meýilnamalaryna her bir adamyň Hudaýa gulluk etmän, eýsem özüne boýun aldyrmak girýär. Siziň görşüňiz ýaly, onuň ýazan sahnasy üýtgemedi, diňe onuň gatnaşyjylarynyň düzümi we hereket edýän ýeri üýtgedi. Şeýtana kim biziň dünýämize beýle höküm etmegi berdikä? Hudaý däl! Hudaý dünýäni ýaratdy we ony adamlar üçin aýlanmaga mejbur etdi, ýagny, Ozüne meňzeş edip Özüniň ýaradan adamlary üçin, olara Özüne gulak asmaklaryny we söýgülerini saýlap almaklary üçin erkin erk berdi. Ol dünýäni biziň alada etmegimiz üçin ynandy, biz bolsa ony şeýtana berdik. Ýyl geçdigiçe, asyrlar geçdigiçe, biz iblisiň ýalan zatlaryna ynandyk, oňa täzeden-täze ýesirleri almagyna, has giň çäkleri basyp almagyna we hatda öz işlerini Hudaýyň adyna geçirmegine hem mümkinçilik berdik ahyryn! Indi, biziň şeýtana hiç haçan ýol bermejeklerimiz-de onuň baştutanlyk edýän dünýäsinde ýaşamaga mejbur bolýarys. Hudaýyň söýgüsinden döreden Jahany, Onuň hususy patyşalyk edýän dünýäsi duşman tarapyndan elden alyndy we biz al-arwahyň hökümi astynda ýaşaýarys. Imanlylar aýratyn ýagdaýda bolýarlar, sebäbi iblisiň nukdaý-nazaryndan, biz — bir çelek baly zaýalaýan bir çemçe garaýatdyrys. Onuň pikirlenişine görä, biz imanlylar, onuň häkimiýetindäki ýeke-täk howp. Biz onuň ýeňilmegi baradaky hemişe ýatlamadyrys. Biz, imanlylar, onuň jahanda doly höküm etmeginde ýeke-täk päsgelçiligidiris. Eger biz bolmadyk bolsak, onda iň soňky hökümde onuň Hudaýa şeýle diýmäge mümkinçiligi bolardy: «Ynha görýärmiň? Seniň ýaradan hemme milletiň Seni däl-de, meni saýlady!» — diýip heşelle kakardy. Her gezek şeýtan imanlyny görende, ol özüniň hiç haçan Hudaýyň tagtyny eýeläp bilmejekdigini ýadyna salýar. Bu dünýä onuň häkimiýeti almak üçin mümkin bolan ýeke-täk patyşalykdyr. Haçan-da ol biziň birimiziň onuň höküm sürmekliginiň tamamlanmagyny tassyklaýandygymyzy we adamlaryň Hudaýa gaýdyp barmaklary üçin janymyzy goýmaga taýýardygymyzy ýüze çykaranda, onuň gahar-gazabyny göz öňüňize getirip görüň! Eger dogrusyny aýtsak, biz kiçijik we guramaçylyksyz goşun, emma şeýtanda bizden gorkar ýaly hemme esaslar bar. Biz Hudaýa elýeterli, biziň tarapymyzda perişdeleriň bir uly goşuny dur, olar iblisiň goşunlaryndan köp esse güýçli — bularyň hemmesini ol bilýär. Ýadyňyzda galsyn, şeýtan özi bilen diňe perişdeleriň üçden bir bölegini alyp gaýtdy, ol olaryň sanyny häzirkisinden köp döredip bilmeýär. Perişdeleriň üçden iki bölegi Hudaýyň tarapynda, elbetde biziň hem tarapymyzda durlar. Siz şeýtanyň bu hakykat barada hemişe bilýänligini ýadyňyzda saklaň. Bu barada biz hem ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Ony ýöne gazapdan ýaňa titretmän, eýsem ony has möwç aldyrýan bir zat hem bar: biziň Mesihiň teni hökmünde bileleşip, söýginiň howp abandyryjy güýjüni döredip we onuň iblislik höküminiň garşysyna goýup bileris. Şol sebäpli hem şeýtanyň maksady — her zat edip muňa ýol bermezlikdir. Ol dünýäni we onuň ýaşaýjylaryny, Hudaýyň söýgüsini bilmäge we başdan geçirmäge mümkinçilikleriniň bolmazlygy üçin olary tümlükde saklamaly. Eger bu oňa başartsa, onda imanlylar hiç haçan Hudaýyň olara höküm berenini we Oňa dünýäni gaýdyp bermekleri we şeýtanyň ýesirlikde saklaýanlaryny azat etmek üçin höküm berenini bilmezler, bu bolsa gazabyň düzgüniniň öňküsi ýaly höküm sürmegini dowam etdirjekdigini aňladýar. Edil şol sebäpli şeýtan heniz hem Hudaýyň Özüne söýgini we gulluk etmegi saýlap alanlar üçin saklap galan täze asmana we täze ýere meýilleşdiren meýilnamalaryny bozup biljegine heşelle kakýar. Adamlaryň özüniň kimligine düşünseler we onuň höküm etmeginiň ätiýaçdaky bolýanlygyny bilseler, öz yzyna eýerjekleriň az boljakdygyna şeýtanyň akly oňat çatýar. Şol sebäpli hem ol özüniň ähli güýç-kuwwatyny hakykatyň nurunyň tümlükde ýagty saçmazlygy üçin we imanlylara öz güýçlerini onuň garşysyna peýdalanmazlyklary üçin elinde baryny edip synanyşýar. Şeýtanyň ýörelgeleri Özüniň guran meýilnamalaryna ýetmek üçin şeýtan nähili ýörelgelerden peýdalanýarka? Olaryň has täsirlileriniň alty sanysyna garap geçesim gelýär. Eger-de biz kimiň garşysyna göreşýänimizi we özümize Hudaýyň beren ýaragynyň haýsysyny ulanmalydygymyzy bilen halatymyzda, biziň ýeňiş gazanjakdygymyz ap-aýdyň bolýar, «…çünki sizde Bolýan düňýäde bolýandan uludyr» (1 Ýahýa 4:4). Birinji ýörelge Iblis imanlylaryň özüne garşy güýçlerini saklamaga, bizi özümiziň kuwwatymyzyň çeşmesini saklamaga, bizi Hudaý bilen gatnaşyk saklamakdan we dogalarymyzdan saklamaga synanyşýar. Bu şeýtanyň iň wajyp ýörelgesi. Ol biziň Hudaý bilen gatnaşyk saklamagymyzyň mümkinçiligini ýok etmek üçin, Ony bilmäge we Onuň erkini bilmäge bolan mümkinçiligimizi ýok edip taşlamak üçin hiç zatdan gaýtmaýar. Biz edil dogalarymyz arkaly Baştutanymyz bilen güýjümizi birikdirýäris we duşmanymyza garşy çozýarys (Özümiziň dogalarymyzyň täsirlerine baha bermek üçin kömek berýän usullaryň biri — bu iblisiň bize nähili güýç bilen täsir edýänine seretmek üçin kömek berýär). Ol bizi dogalardan nähili saklaýar? Bizi we Hudaýy birek-birekden aýry saklamak bilen. Aýry saklamak — bu oňat barlagdan geçen harby usul. Eger oňa bizi Hudaýdan aýry saklamak başartsa, onda ol bizi Onuň goldawyndan ýeňillik bilen kesip biler (Mukaddes Ruhuň güýjünden), biziň goragymyzy gowşadyp biler. Bizi öz dostlarymyzdan, imanlylardan aýry saklamak hem iblis güýçleri üçin wajypdyr, sebäbi eger iki ýa-da ondan köpräk imanly Isa Mesihiň hatyrasyna doga etmek üçin ýygnansalar, onda gökdäki hemme güýçler olara kömek bermek we goldamak üçin bir ýere ýygnanýarlar. Şeýlelik bilen, eger şeýtan bizi özümiziň şahsy doga etmegimizden saklamak üçin hemişe işleýän bolsa, onda ol biziň beýleki imanlylar bilen bilelikde doga etmegimizi saklamak üçin öňküsinden ýüzlerçe esse köp işlär. Biziň köpçülik bolup doga etmegimiz onuň üçin betbagtçylykly bolýar. Beýle dogalar onuň höküm etmegine iň agyr howpy döredýär. Bizi Hudaýdan we biri-birimizden aýry saklamaga synanyşyp, şeýtan birinji nobatda bizi günä etmeklige höweslendirýär. Näme üçin? Eger biz günä etsek, onda bizde bu barada boýun almazlyga hemişe puryjamyz bolar. Bizi bolsa boýun alynmadyk günäden başga hiç zat Hudaýdan beýle daşlaşdyryp bilmeýär. Men şeýtanyň bizi iki sany ulgamda günä etmekligimize kowýandygynyň anygyna ýetdim, olar tutuş taryhyň dowamynda onuň üçin iň netijeli ulgamlar boldular. Ygtyýarly bolmaklyk synagy Birinji synag — bu ygtyýarly, ýagny hökümli bolmak. Şeýtan bizi höküm etmek duýgusyna tarap höweslendirende, ol gaty ugurtapyjy bolýar, sebäbi köplenç halatda biziň has köp zat islejekdigimizi ol bilýär. Bir gezek höküm etmäge mümkinçilik berip, iblis bizde gopbamsylyk häsiýetini ýüze çykarýar. Biz gitdigiçe onuň özüne meňzeýäris we özümiziň Hudaýa bagly bolýanlygymyzy gitdigiçe ýadymyzdan çykaryp başlaýarys. Biziň döwrümizde okkultizmiň ösüşi bu höwesiň öz ýanyndan nämeleri görkezýänligini has oňat görkezýär. Iblise millionlarça adamlary okkultizm amallaryna çekmeklik başartdy (goroskoplar, hiromantiýa, taro kartalary, üýtgeşmeleriň Kitaby boýunça pal atmak, spiritiki seanslar, «Täze eýýam» hereketi), bizi şulara laýyklykda öz ömrümizi we beýlekileriň durmuşlaryny gözegçiligimiziň astynda saklap biljekdigimize ynandyrýar. Okkultizm amallary — bu iblisiň biziň ak ýürekli, ençeme wagtyň dowamynda dogalara we Onuň Sözüne düşünmegimiz arkaly kynlyk bilen ýola goýan Hudaý bilen özara gatnaşyklarymyzy çalyşýan surrogatdyr (garyndy). Olar şeýle hem bize öňümizde näme garaşýanyny bilmäge bolan bilesigelijiligimizi hem ulanýarlar. Köp adamlar ertirki günlerini bilmek islegi bilen şeýle bir gurşalyp alynýarlar welin, hatda olary öňünden aýdylan tukat, gyzyksyz, manysyz durmuşyň geljekdigi hem gorkuzmaýar. Millionlarça adamlar bir tarapdan olaryň gündelik durmuşlary bir sahypasy könelip giden sahna meňzeýär diýip arz edýärler. Başga tarapdan bolsa, özleriniň gelejekleri babatdaky syrlaryň we gizlinlikleriň galyndylaryny ýok etmeli goroskopy okamaz ýaly gazeti açman oturyp bilmeýärler! Emma okkultizmiň özüne çekijiligi ynandyryjy däl. Onuň berip biljek güýjüni, meniň pikirimçe, biziň günlerimizde has giňden ýaýran yalan gymmat bahaly daşlaryň ýalpyldysy bilen deňeşdirse bolar diýip oýlanýaryn. Reklamada — «Hatda zergär hem tapawutlandyryp bilmez! — diýen ýazgyny okasa bolýar. — Edil hakyky göwher ýaly görünýär (ýa-da zümerret, ýa-da lagyl ýaly)!» Eger-de ol edil hakyky ýaly bolup görünýän bolsa, onda näme üçin ýalanynyň bahasy köpük durýar, hakyky daşlar bolsa gymmat durýarlar? Näme sebäpden köp adamlar asyl nusgasyny edinmek üçin jan çekýärlerkä? Hakykat adamlaryň hakyky zatlaryň gymmatlygyna düşünmeýänliginde we ilki göräýmäge gymmat ýaly bolup görünýän zady satyn alýanlygynda durýar. Olar muny beýleki adamlary bulaşdyrmak üçin şeýle edýärler: hamala olaryň alan zatlary asyl nusgadakymyş. Onuň netijesinde olara lapykeçlik garaşýar. Haýsy maskany geýendigine garamazdan, bu okkultizm bolýar. Ol adamlary zatlaryň daşky ýalpyldysyny gymmat bahaly daşlaryň oýny hökmünde kabul etmeklige höweslendirýär, hakyky ruhulygy bulaşdyrýar, munuň netijesinde bolsa, bizi Hudaýdan daşda saklaýar. Lezzet almak synagy Iblisiň üstünlik bilen özüne çekiji ulgamy — bu lezzet almakdyr, Hudaý bizi lezzet almaklyga ukyply edip ýaratdy ahyryn. Haçan-da bizde Hudaý bilen dogry aragatnaşyk bolanda, biz diňe Hudaýyň dostlaryna tanyş bolan lezzetleri başdan geçirmäge ukuply bolýarys (bize başga dünýäde has köp wadalar berildi!). Emma iblis köplenç bize öz gelip çykyşy boýunça gözgyny we azgyn bolan haýsydyr bir zady teklip edýär. Lezzet aýratyn hem bizi günä itermäge bolan usul hökmünde netijeli bolýar, sebäbi biz lezzet almak üçin hemme zada taýýar bolýarys. Bir minutlyk lezzet almak üçin biz kiçelmäge we emedeklemäge hem razy, hatda özümizi ýa-da başgalary öldürmäge hem taýyn bolýarys. Ylmy barlaglar subut etdiler: eger haýwanlara islegleri boýunça kokainiň islendik mukdaryny goýbermäge mümkinçilik berilse, onda olar tä özleriniň ýürekleri çişip ýarylýança neşäniň mukdaryny köpelderler. Olar özlerini has köp we uzak lezzet almak islegi bilen özlerini öldürere getirýärler. Adamlar hem edil şeýle edýärler. Her ýylda müňlerçe adam neşäniň köp mukdary sebäpli ölýärler, sebäbi olar lezzet almaga ymtylmaklary üçin neşä bagly bolýarlar, indi olar ony tapmak üçin hiç zatdan gaýtmaýarlar. Bir zada ynanar ýaly däl, ýagny köp sanly göwreli aýallara neşe ulanmagy bes etmek barada aýdylanda, olar gulak hem asmaýarlar, ýogsam olar bu sebäpli çagalarynyň ölup biljekdigine akyllary hem ýetýär ahyryn. Olaryň neşaniň berýän lezzetinden mahrum bolasy gelenok. Şeýtan bizi bu ulgamda nähili edip höweslendirmelidigini bilýär. Aňyrsyna ýetmän we azgyn jynsy gatnaşyklaryny saklamak hem, elbetde, şu derejä gabat gelýär, bu ýerde hemme zat — pornografiýadan çagalary zorlamaga çenli we müň sany başga görnüşler hem bar. Jynsy gatnaşyklar örän özüne çekiji bolup bilerler we eger adam jynsy gatnaşyklaryň bizi nähili edip azdyrýandygyna we Hudaýdan daşlaşdyrýanlygyna düşünmese, şeýtän ony özüne bagly edip biler. Pul we baýlyk hem şulara degişli. Dünýäde iň baý adamlaryň biri bolan Jon Rokfellerden bir gezek žurnalist sorapdyr: «Size näçe pul ýeterlik bolar?» Millioner gynançly ýylgyryş bilen şeýle jogap beripdir: «Hemişe baryndan biraz köpräk». Ýadyňyzda saklaň, lezzet öz-özünden erbetlik däldir, edil höküm ýa-da jynsy gatnaşyklar, ýa-da pul, ýa-da baýlyk ýaly. Eger biz olary Hudaýyň deregine oňat görüp başlasak ýa-da olara bolan ullakan islegimiz sebäpli olary edinmek üçin Hudaýyň tabşyryklaryny bozmaga taýyn bolsak, onda olar biziň üçin iblis bolýarlar. Şeýtan bizi surrogatlar, azgyn lezzetler bilen özüne çekmegi oňat görýär. Hakyky lezzetleri diňe biziň Hudaý bilen gatnaşygymyzyň üsti bilen alyp bolýar ahyryn, Ol bize olary baýrak hökmünde berjekdigini wada berdi. Ikinji ýörelge Haçan-da şeýtana bize hökümi ýa-da lezzetleri wada berip, günä işleri etmäge tarap gönükdirmek başartmasa, ol inçe torlary ulanýar, meselem, biziň imanymyzy yrandyrmak maksady bilen bizde şübhelenmek duýgusyny döredýär. Eger biz imanymyzy ýitirsek, onda biziň günä işler üçin has elýeterli boljakdygymyz aýdyň zat bolýar. Ol heniz hem biziň gulagymyza, edil How enä beren soragyny çawyş çakyp gezýär: «Hudaý hakykaty aýtdymyka?» Eger oňa günälerimiz sebäpli bizi aýry saklamak başartsa, biziň hiç haçan ýazygymyzyň ötülmejekdigine bizi ynandyryp, ol bu aýrylygy hemişelik etmeklige synanyşar. Şeýlelik bilen, biz hemişe günä bilen synalmakdan hüşgär bolmalydyrys, emma şol bir wagtyň özünde, günäden halas bolmaga hiç hili umyt ýokdur diýýän şeýtanyň sesine gulak asyp, onuň bulaşdyrmasyna mümkinçilik bermeli däldiris, sebabi bu bizi hakykatdanam ýeňlişe getirer. Haçan-da biz Hudaýyň ýazygymyzy ötmegini isläp, Oňa ýüzlenemizde, Ol hemişe biziň ýazygymyzy ötmäge taýyndyr. Eger şeýtana bizi öz güýjümiz bilen oňa garşy göreşmegimizi togtatmaga mejbur etmek başartmasa, bizi dogalarymyzdan saklamak başartmasa, onda ol koplenç has mekir ýollary ulanyp başlaýar. Ol bize Hudaýa ynanybam, Oňa boýun egmän biljegimizi ynandyrmaga synayşýar. Bu hut meniň özümiň başdan geçiren zadym. Meselem, şeýtan göni özi ýa-da başga adamlaryň üsti bilen (mümkin, hatda imanlylaryň üsti bilen hem) Hudaý menden özümiň howply ýere, mysal üçin, Beýruta gitjegime garaşmaýar, emma meniň bilşime göra, Hudaýyň meni ol ýere gitmegime çagyrýandygyna garamazdan, hatda Onuň muny tassyklanyna hem garamazdan, Ol menden ol ýere barmagyma garaşmaýar diýip ynandyrjak bolýar: men edil şu sebitde gulluk edip, Oňa peýdaly bolup bilerin. Käwagtlar mende şeýle pikir peýda bolýar: «Andreý, sen beýle howply ýere gider ýaly, Isa üçin örän wajyp adam bolýarsyň. Ahyrsoňy, eger sen ölseň, Isa Mesihiň peýdasyna sen näme berip bilersiň? Eger-de sen öýüňde galsaň we öz alan bilimleriňi beýlekilere, özüňden has ýaşlara we güýçlülere öwretseň has paýhasly bolardy. Sen şeýdip öz gullugyňy giňeldip bilersiň. Näme, sen az zat etdiňmi eýsem? Hudaý seniň Özüne ynanýanyňy bilýär we hatda Ol saňa Liwana ýa-da başga gyzgyn nokatlara barmagy höküm eden hem bolsa, eger sen öýde galmaklygy karar etseň we öz güýjüňi o diýen howply bolmadyk ýerlerde sarp edip işleseň hem Ol saňa düsüner». Beýle ýörelgäniň nähili inçe bolýanyna siz düsünýärsiňizmi? Millionlarça hyjuwly wagyzçylaryň we hoş habarçylaryň edil şu usul bilen doňdurylandyklaryna meniň gözüm ýetýär. Elbetde, şeýtan siziň gulagyňyza Hudaý size gitmeli we Injili ýer ýüzünde ýaýratmaly diýýändir, emma Ol näme siziň baryňyz gitmeli diýdimi ahyryn? Bu ýerlikli bolmazdy! Eger hemmeler gitseler, onda ybadathanalarda kim galar? (Ýogsa-da, täsin sorag! Eger biziň ybadathanalarymyz etmeli zatlaryň baryny etseler, onda olar boşap galarlar, olarda diňe täze gelenler we mugallymlar galar, sebäbi hemmeler Hudaýyň sargyt eden zadyny ýerine ýetirmäge giderler! Şol gün imansyzlar ilkinji gezek ybadathananyň nämedigine düsünerler. Netijede ybadathanalar geljek hepdede täze gelenlerden dolarlar). Emma şeýtan bu ýörelgesini soň hem ösdürmekligini dowam etdirýär: siz Hudaýa ynanyp bilersiňiz we Oňa gulak salyp hem bilersiňiz, ýagny özüňiziň kiçijik çyrajygyňyzy ýakyp, öz maşgalaňyz barada alada edip we töweregiňizdäkiler üçin oňat mysal bolup biljek durmuşda ýaşap, öz işleriňizi ýerine ýetirip bilersiňiz. Size adamlara Isa barada gürrüň bermek hökman däl. Beýlekiler barada hem towakga etmek gerek däl. Siz neşelere garşy, abortlara, okkultizme, syýasy korrupsiýa ýa-da pornografiýa garşy göreşe gatnaşyp, Hudaý üçin zähmet çekmeklige borçly däl. Siz özüňizi beýle görnüşde pida etmeli däl. Bu bizi şeýtanyň imanlylardaky oňa garşy bolan güýjüniň ulanmaklaryndan saklap, üçünji usula eltýär. Üçünji ýörelge Bagtly bolmaga hukugymyzyň bardygyna şeýtan bizi ynandyrmaga çalyşýar. Ýok, biziň bagta hukugymyz ýok, hiç bolmanda adamzat sözüniň manysynda. Bizde agzybir maşgala, ýyly öýe, owadanlyga, güllemeklige, meşhurlyga ýa-da şöhrata kepillendirilen hukugymyz ýok. Hakyna seredende, Hudaý bize şeýle diýdi, ýagny, biziň bu dünýäde tapyp biljek ýeke-täk bagtymyz — bu Oňa düsünmegimiz we Onuň meýilnamalaryna gatnaşmagymyzdyr. Hiç ýadymdan çykanok, 60-njy ýyllarda men gündogar ýewropa ýurtlarynyň birinde bir hususy öýde ybadat edipdim. Men imanlylaryň köp sanlysynyň gatnaşmagynda sapak berip otyrdym, olar Hudaýyň Sözüni eşitmegiň teşnesindediler. Bir gezek sapak berip otyrkam, gapy açyldy-da, meniň geň galmagym bilen özümiň köne dostum gapydan girdi-de oturyberdi. Onuň ady Karldy. Men heniz hem ol tussaglykdamyka diýip oýlanýardym. Men Karl bilen häli-häzire çenli ybadathanalaryň ýer bilen ýegsan edilýän, imanlylary tussag edýän, Injilleri bolsa ýok edýän ýurtlaryň birinde işledim. Karl Hoş Habary ýaýradýanlygy sebäpli üç ýyllap tussag edilipdi. Indi bolsa başga bir şäherde, meniň ybadat edip oturan öýüme geläýdi! Siz meniň şatlygymy bir bilsediňiz! Biz bökjekläp biribirimizi gujakladyk we gygyryşdyk, bu ýagdaýda siz hem mümkin şeýderdiňiz. Ahyrsoňy biz rahatlandyk, ýöne men gürläp bilmedim. Meniň gürläsim däl-de, diňläsim gelýärdi: men Karlyň adamlara menden hem köp öwredip biljekdigini bilýärdim. Ony diňläp oturan adamlaryň hemmesi, Karlyň gününe düşüp biljekdiklerine düşünýärdiler, şol sebäpli hem olar onuň agzyndan çykýan her bir sözi sypdyrman diňleýärdiler. Ol türmede başdan geçirenleri barada gürrüň berdi, soňra maňa tarap ýüzlendi, men bu toparyň arasynda ýeke-täk daşary ýurtludym. Ol: «Andreý, Golandiýada öz imanlary üçin türmede oturan ruhy çopanlar barmyka?» — diýdi. Maňa hiç haçan hiç kim beýle geň soragy berip görmändi. Men bu soraga jogap tapmak üçin biraz salym pikirlenmeli boldum, sebäbi men bilýärdim: eger Gollandiýada türmede oturan ruhy çopan bolýan hem bolsa, ol imanlylaryň ruhy çopany bolanlygy üçin däl-de, erbet raýat bolanlygy üçin oturandyr. «Ýok», — diýip, men jogap berdim, özüm bolsa beren jogabymyň Karla nähili yza ýetirenini göz öňüme getirýärdim. Karl birsalym pikirlendi-de, soňra sorady: «Näme üçin ýok?» Ynha, şu ýerde men hakykatdan hem tolgunyp başladym. Men muny imanlary üçin kowulýan özümiň doganlaryma we uýalaryma nähili edip düşündireýin ahyryn? Men bizde bar bolan erkinlikler barada gürrüň berip başladym: hemme mesihi dükanlary, bize elýeterli Injiller, biziň ybadathanalarymyzda ybadat etmegi haçan islesek şol wagt geçirýänligimiz barada, bu barada üçeklerden, köçelerde gygyryp bilýänligimiz, telewizor, radio, žurnallarda ybadat edip bilýänligimiz barada gürrüň berdim. Men Golladiýada Hoş Habary adamlara ýetirmek üçin bularyň hemmesinden peýdalanýanlygymy aýtdym, şeýle hem men goňşularymy özüm bilen ybadathana gitmäge çagyryp bilýänligimi aýtdym. Karlyň doglan ýurdunda beýle zatlar üçin üç ýyl türmä düşüp bolýar. Men şeýle diýdim: «Biz özümiz bilen bile işleýän adamlara Isa barada gürrüň berip bilýäris. Biz olara Injili hem berip bilýäris». Soňra men daş-töweregime seretdim we bu adamlaryň meniň aýdanlaryma düşünmeýändiklerini gördüm. Bu olaryň düşünmeklerinden has ýokary bolýar. Men birden utanyp gitdim. Men kowulýan imanlylara bu zatlar barada gürrüň berip, özümi akmak ýagdaýa saldym. Şol sebäpli hem men saklandym. Ýöne men Karlyň maňa tarapa öwrülip, özüniň mawy gözleri bilen maňa haýran galyp seredýänini gördüm. Birnäçe minut dymyşlykdan soň, ol şeýle diýdi: «Eger bu hakykat bolsa, onda Andreý, sen maňa aýt, siz Gollandiýada Timoteosyň Ikinji hatynyň 3-nji babyndaky 12-nji aýada nähili garaýarsyňyz?» Bu onuň iň söýgüli aýatlarynyň biridi, emma men ony ýatdan bilemokdym, şonuň üçin men oňa göz gezdirmelidim. Men Injili açdym we bu aýady daşymdan okadym. Men hiç haçan Hudaýyň ol aýatda aýdanlaryny ýadymdan çykarmaryn: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker». Ondan öňki aýatlarda «kowulýan» diýen söz iki gezek gaýtalanýardy. Birnäçe minutlap men dymyp durdum. Soňra özümi dürsedim-de, biziň köpümiziň bu ýagdaýda edäýjek zadymyza başladym. Men şol bada hudaýhonlyga öwrüldim we bu aýadyň irki ybadathana döwrüne degişlidigini düşündirdim, sebäbi Pawlus özüniň urlan we türmä salnan ýerleri barada anyk aýdýar, şonuň üçin hem hakykatda bu häzirki güne däl-de, iki müň ýyl mundan ozalky bolup geçen wakalara degişli. Şol pursatda men öňkümden-de beter tolgunyp başladym. Maňa gussaly ynamsyz gözler bilen seredip oturan mähellä garanymdan soň, uludan demimi aldym we şeýle diýdim: «Mümkin bu aýat siziň ýurduňyz ýaly «ýapyk» ýurtlara degişlidir. Şeýle hem rewolýusiýalaryň we uruşlaryň edil şeýle ejirleri getirýän ýurtlaryna degişlidir. Emma Gollandiýada, Amerikada we beýleki ýurtlarda biz öz imanymyz üçin yzarlamalardan ejir çekmeýäris. Asla biz näme üçin ejir çekmeli?» Şu pursatda men gara dere batdym. Men uzak wagtlap dymyp durdum we bir söz hem aýtmadym. Karl heniz hem içimden geçip barýan mawy gözleri bilen seretmegini dowam etdirýärdi. Men aýaty gaýtalap-gaýtalap okadym. Onda hemme zat aýdylandy. «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker». Bu meniň iki egnimden basdy. Biz «azat» ýurtda ýaşaýanlar azat däldik. Eger bizi yzarlasalar, onda biz özümize Karlyň beren soragyny bermeli: «Näme üçin ýok?» Ýer ýüzündäki ilatyň ýarysyndan köpüsi Hudaýyň Sözüni hasap etmeýär we kowulmalara, türmelere düşmän, munuň üçin ölmän «hudaýyň» durmuşy bilen ýaşaýarlar. Men ahyryn Karlyň ýüzüne seretdim, onuň gözleri meni synaýan ýaly bolup garaýardylar. «Meni bagyşla, Karl, — diýdim, — ýöne biziň bu aýata hiç hili gatnaşygymyz ýok». Ol gussa bilen kellesini ýaýkady, men hem kellämi ýaýkadym. Bu pursat meniň hemişe ýadymda galar. Ol meniň üçin şeýtanyň biziň ýadymyzdan çykarmagymyzy isleýänligi barada baky ýatlama bolup galar: biz duşmanyň çäginde ýaşaýarys, diňe bir «ýapyk» ýurtlarda ýaşaýanlar däl-de, eýsem biziň hemmämiz hem onuň çäginde ýaşaýarys. Eger biz Hudaýy özümize Isanyň öwredişi ýaly söýsek we Onuň aýdyşy ýaly ýaşasak, onda bizi yzarlarlar, kowarlar, ýigrenerler, biziň üstümizden gülerler, bizi türmelere salarlar ýa-da öz imanymyz üçin hat-da öldürerler. Biz köpçüligiň abraýly adamlary bolmarys, mümkin Hudaý üçin ýaşaýan köpçüligiň birazragyndan başgasynyň arasynda abraýly bolaýmasak. Bize el çarpmajaklary aýdyň, bize Hudaýyň duşmanlarynyň arasynda sabyrlylyk bilen garamazlar. Şol sebäpli hem biz özümiziň gelejegimizi anyk we aýdyň göz öňümize getirmeli. Biziň bagtly bolmagymyz üçin öňümizde bakylygyň barlygyny ýadymyzda saklamaly. Bu ýerde bagt hatda ara alyp maslahatlaşmak üçin mowzuk hem bolup bilmez. Isa her bir imanla «dünýäde her biriňiziň gaýgy-gussaňyz bolar» (Ýahýa 16:33) diýip duýdurypdy. Bu biziň durmuşymyzyň ölüm halynyň hökman peselmeýän uzak döwri bolýanlygyny aňlatmaýar, ýogsa häzir köp imanlylar şuňa meňzeş hadysany başdan hem geçirýärler. Emma biz duşmanymyzyň özümiziň Hudaýymyz bilen sazlaşykly rahat durmuşy alyp barmagymyza mümkinçilik goýmajagyny ýadymyzda saklamaly. Eger biz oňa hereket etmegine päsgel berip, onuň üçin howp abandyrsak, ol hemişe biziň üstümize sürüner. Dördünji ýörelge Şeýtan gorkyny döredip, imanlylary saklamaga synanyşýar. Şahsy derejedäki gorky (meselem, öz goňşularyňa ýa-da kärdeşleriňe şaýatlyk etmek gorkusy) ýa-da milli derejedäki gorky. Şeýtan gorkuzmaga gaty ökde. Ol kommunizm ýa-da faşizm ýaly rehimsiz syýasy ulgamly psihologiki basyşly ýagdaýy döredýär, olar bolsa Hudaý hakynda islendik bilimleri ýok etmäge çalyşýarlar we hatda olary şeýle bir gorkuzýarlar welin, adamlar doga etmäge hem gorkýarlar. Şeýlelik bilen ýigrimiden hem köpräk ýurtlarda ýüz millionlarça adamlar Injili okamakdan gyra çekilipdiler. Sowet Soýuzynda aç-açanlygyň we üýtgedip guramagyň döwri gelip ýetensoň hem millionlarça adamlar Injili okap bilenoklar ýa-da gynalmalardan, ölümden gorkman, Isanyň adyndan gürläp bilenoklar. Şeýle-de, şeýtan ýalan dini ulgamlary tutuş milletleri öz gözegçiliklerinde saklamaklaryna ruhlandyryp, bu çäklerde ýaşaýan imanlylara ejir baryny çekdirýär. Beýle ulgamlar köplenç ýygnagyň gizlinlik ýagdaýda galmagyna getirýär. Hatda şu günler hem köp sanly günbatar ýurtlarynda ýalan dini ulgamlaryň täsir etmeleri imanlylara Injili öwretmekde kynçylyklary döredip başladylar. Haçan-da imanlylar azatlygy diňe Mesihden tapyp bolýanlygy barada aýdanlarynda, olary düşünjeleriniň çäkliligi, sabyrsyzlydyklary we ýalan ynamlara uýýandyklarynda günäkärleýärler. Men beýle zatlaryň has gitdigiçe ýygy-ýygydan bolup geçýänini görýärin. Arada bir giňişleýin garaýyşlaryň tarapdary Amerikada telewizion gepleşiginiň dowamynda tomaşaçylaryň ullakan el çarpyşmalaryny gazandy, özüniň haýsydyr bir gündogar ýalan dinine ýüzlenmesi barada aýdyp, ol şeýle diýdi: «Men diňe bir hakyky günäniň barlygyna ynanýaryn — bu çäkli bolmakdyr». Elbetde, ol imanlylary göz öňünde tutdy, sebäbi olar diňe bir Hudaýyň barlygyny we Ony bilmegiň diňe ýeke-täk usulynyň barlygyny tassyklaýarlar, bu bolsa olaryň çäklidiklerini aňladýar. Bu pikiri onuň kellesine kim guýduka, maňa örän gyzykly? Men köplenç öz dostlarym-imanlylara hoş habarçylyk işlerine öz öýlerinde taýýarlansalar oňat bolar diýýärin, sebäbi biz basym olara kömek bermekleri barada ýüzleneris. Öz imany üçin hiç haçan ejir çekmedik biz-günbatarlylar Timoteosyň Ikinji hatyndaky sözleriň hakykylygy bilen çaknyşarys (3:12). Biz-yzarlamalar üstümizden gülünmeler we ozal hiç haçan bilmedik ret edilmek bilen çaknyşarys, sebäbi biz gowşak, yzaly ýagdaýy eýeleýäris. Eger biz öňümizdäki on ýyllyklarda özümize garaşýan zatlara öňünden taýyn bolmasak, bize näme bolup biljegi baradaky pikir meni örän tolgundyrýar. Häzir men şeýtanyň edýanini näçe köp gördügimçe, şonça-da özümiň dogrulygyma ynanýaryn. Bäşinji ýörelge Şeýtan doganlaryň arasynda dawalaryň, gazaplylygyň, ynamsyzlygyň ýa-da gaharyň tohumlaryny ekip, imanlylary dargatmaga synanyşýar. Bu söýýän birleşigiň arasyny üzýär we imanlylary jogap beriji çozuşlary etmek üçin agzala we birikmäge ukypsyz edýär. Başga sözler bilen aýdylanda, eger biziň duşmanymyza birek-biregimiz bilen söweşmäge mejbur etmek başartsa, biziň olar bilen söweşmäge ýagdaýymyz bolmaz. Ybadathanalary we imanlylar guramalaryny, düzgün bolşy ýaly, garşydaşlar daşyndan bozup bilmez. Hakykatda bolsa, daşdan gelýän çozuş özara gatnaşyklary berkidýär we olary göreşmek üçin jemläp, olary berkidýär. Şeýtan imanlylaryň toparyna çozmak üçin oňat usul tapdy — bu içinden hereket etmek. Ol bu dünýäniň perişdesi hökmünde özini görkezýär ýa-da imanlylara özüniňkileri dogrulygyň gullukçylary hökmünde iberýär, ilki başda bir ýa-da iki adam babatynda hereket edip, olary bulaşdyrmak üçin ýa-da ynamsyzlygy döretmek üçin iberýär. Soňra ol haýallyk bilen gazaby, gahary we bahylçylygy galdyrýar — bizi dargadýan we Hudaýy görmezimiz ýaly biziň gözlerimizi gapýan ahli hapasyny galdyrýar. Men şu sebäpli dargap giden dileg ediji toparlar we Injili öwrenmek boýunça toparlaryň gabat gelen wakalarynyň örän känligi barada eşidipdim, düzgün bolşy ýaly, toparyň edil ullakan galkynyşa ýakyn geläýen wagty şeýle bolanlygy barada eşidipdim. Bu nähili bolup geçýär? Ynha meniň eşiden ýagdaýlarymyň biri. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýygnanyşyp ýören Injili öwrenmek toparyna bir täze jübüt goşuldy. Ron we Karla (olary şeýle atalandyralyň) beýlekilere garanda, olar ýolbaşçynyň ornuny eýelemek üçin ruhy taýdan ýetişen adamlar bolup görünýärler. Sebäbi olar Injili suw içen ýaly bilýänlerini görkezdiler, sebäbi olaryň beýle ýolbaşçylyga we dolandyrmaga gabat gelýän aýratyn zehinleri bardy, toparyň agzalarynyň belleýişleri ýaly, olarda zerur bolan ähli zatlar bardy, sebäbi olar örän görnükli şahsyýetdiler. Bu ýagdaýlara görä, olar ilki başda aç-açan däl ýolbaşçylar bolýarlar. Ron we Karla köp sanly ruhy kredit kartalaryny paýlaýarlar — olaryň eden dogalaryna berlen täsin jogaplary barada, pygamberlik düýşleri, Hudaýdan gelýän görkezmeler barada wakalary paýlaýarlar, bularyň bary topar üçin diňe bir manyny, ýagny basym olaryň Hudaýyň şöhraty üçin jemagata örän güýçli täsirini ýetirjekdiklerini aňladýar. Her niçik bolsa-da, Karla bilen Ron toparyň köp agzalaryna jaň etmäge we olaryň ýanyna barmaga ýaltanmaýarlar. Olaryň ýanlaryna barmaklarynyň hemişe bir maksady bar: toparyň käbir agzalarynyň toparyň ösmegini saklaýandyklary bilen ilki başda ýumşaklyk bilen duýdurmak. Karlanyň we Ronuň pikirleri boýunça bu agzalar toparyň ýokary ruhy derejesine laýyk gelmeýärler, sebäbi olar Hudaýyň bu jübütiň üsti bilen bu topara iberen hereketleriň meýilnamasyny kabul etmeýärler. Şol sebäpli hem bu topar olardan boşasa oňat bolar diýip hasap edýärler. Uzak dowamly we yzaly içerki göreşden soň, toparyň birnäçe agzalary bolup geçýän zatlara göz ýetirip başlaýarlar. Olar bilelikde ýygnanyşýarlar we Karla bilen Rona özlerini dogry alyp barmaýandyklary barada aýan edýärler we doga edýärler. Elbetde, bu jübüt jogap beriji zarby urýarlar, olara bular imanlylar däl we olaryň hereketleri Mukaddes Ruha garşy gelýärler diýip töhmet atanlary ýazgarýarlar. Ýene-de birnäçe wagtyň dowamynda topar öz duşuşyklaryny dowam etdirmäge çalyşýar, ýöne ahyrsoňunda, bu gussaly bolsa-da, olar topary dargatmak kararyna gelýärler. Olaryň arasyna ynamsyzlygyň örän köp tohumy taşlandy we toparyň köp agzalary duşuşyklary dowam etdirmek üçin özleriniň arasynda öýke-kineler örän köp boldy. Ron bilen Karla iblisiň pidalary bolduk diýip, topardan çykýarlar (mümkin, başga topara birikmek üçin). Nahili gynançly bolsa-da, olar özleriniň neneň dogrudyklary barada göz öňüne-de getirmeýärler. Şeýtanyň wekilleri — şol bir wagtda onuň pidalary hem bolýarlar. Ol olary hem edil bizi ýigrenişi ýaly ýigrenýär, olar hem özleriçe bizden hem köp ejir çekýärler. Altynjy ýörelge Eger beýleki ýörelgeler ýeňlişe sezewar bolsalar, şeýtanyň biziň öz güýjümizi onuň garşysyna ulanmagymyzy saklamak üçin göni biziň üstümize çozuş etmegi hem mümkin. Men bu çozuşlaryň şeýle köp şaýady we pidasy bolanlygym sebäpli, indi men olary hamala her günüň aýrylmaz bölegi ýaly kabul etmäge hem öwrenişip gidipdirin. Köp ýyl mundan ozal özüme hoş habarçynyň dul galan aýalynyň öz adamsy barada aýdyp beren wakasyny ýadymda sakladym. Onuň adamsy Gündogar Ýewropada hoş habarçy-çopan bolupdyr. Onuň wagyz eden ýerlerinde şeýle bir ruhy höweslenmeler we galkynyşlar ýüze çykypdyr. Ynha, bir gezek agşamlyk ybadat etmäge gitjek bolup durka, oňa telegrammany gowşurypdyrlar: «Öýüňize baryň. Siziň aýalyňyzyň ýagdaýy örän agyr». Ruhy söweşler bilen höwesli wagyzçy şol bada nämeleriň bolup geçenine düşünipdir. Doga edenden soň, ol şeýle diýipdir: «Bu Hudaý tarapyn däl. Ol meni ybadat etmek üçin bu ýere çagyrdy ahyryn, meniň şu ýerde bolanymda, Ol meniň aýalymyň ölmegine ýol bermez. Men öýe gaýtjak däl. Ol ölmez». Ol öz dostlaryndan aýaly üçin doga etmeklerini haýyş etdi, soňra bolsa ozüniň iş tertibi boýunça geçirmeli duşuşyklaryny geçirmegi dowam etdirdi. Ol öýüne gaýdyp barýança, onuň aýaly sagalypdy. Maňa bu wakany gürrüň berip, dul aýal ýylgyrdy: «Ynha, görýäňizmi ol Hudaýy bilýärdi we ol Hudaýyň ýol berjek we bermejek zatlaryny hem bilýärdi. Haçan-da siz hem Ony şeýle oňat bileniňizde, onda ýagdaýlara gorkman «hawa» ýa-da «ýok» diýmäge siziň erkinligiňiz bolar. Gaýdyp Hoş Habary eşitmekmäge mümkinçilikleri bolup bilmejek adamlara hoş hobary ýetirmeklik üçin diňe şeýtanyň päsgelçilik berip biljekdigini meniň adamsym bilýärdi. Şol sebäpli hem ol özüniň galmalydygyny bilýärdi. Ol bu ýerde iblise ýeňiş gazanmaklyga mümkinçilik bermedi. Ol iblisiň çozuşyna garamazdan, Hudaýa doly ynanyp bilýärdi». Manysyna seredende, şular ýaly çozuşlar bizi diňe begendirmeli. Olar duşmanyň özüniň ähli taýýarlap goýan serişdeleriniň gutaranlygynyň we bizi saklap bilmedigine lapynyň keç bolmagynyň alamaty bolup gulluk edýär. Şonuň bilen birlikde fiziki we duýgy tarapdan çozuşlar ýürege düşgünç, yzaly, myžžyk bolup bilerler, eger-de biz olaryň hakykatdan hem nähilidigini öňünden bilmesek, olar biziň ruhumyzyň peselmegine eltip bilerler. Şol sebäpli hem biz olardan ägä bolmaly. Köp halatlarda, meniň ýüze çykaryşym ýaly, bize şeýtanyň berýän ýaralary we keselleri bizi özümizden çykarmak üçin edilýän pişeler diýlip hasap edilip bilner. Ýadyňyzda saklaň, ol biziň ejir çekmegimizi isleýär, sebäbi ol munuň bilen bizi Hudaýdan daş düşürerin diýip oýlanýar we Onuň şöhratyna gönükdirilen tagallalaryň soňuny çykaryn diýip oýlaýar. Haçan-da ol bu ýol bilen özüniň islän zadyny alyp bilmejegine göz ýetirende, adatça ol yza tesýär. Şeýlelik bilen, biz ejirlerde erjelligi, mertligi ýüze çykarmaly, onuň howp salmalaryndan gorkmaly däl. Şeýle hem biziň üstümize şunuň ýaly howplar abananda, özümiz üçin netijeli dileg etmäge biziň ýagdaýymyz bolmaýar. Täsir ediji dilegler biziň ünsümiziň jemlenmegini we ugurly bolmagyny talap edýär, şol sebäpli hem ilki bilen bize yzaly bolanda, biz dileglerimizi göni ugrukdyrmaly. Köp halatlarda biz öz çekýän ejirlerimizden başga zat barada oýlanyp bilmeýäris, bu kadaly zat. Haçan şeýle bolanda biz beýleki imanlylara bil baglamaly, olaryň biz üçin dileg etmeklerine umyt etmeli. Beýle ýagdaýlarda meniň ilki bilen edýän zadym şudur: men özümiň ýakyn dostlaryma jaň edýärin we olardan meniň üçin dileg etmeklerini soraýaryn. Men munuň duşmanyň nähili gaharyny getirýänligi barada oýlanamda, ullakan lezzet alýaryn! Iblisiň ýörelgeleri barada köp zat aýtsa bolar, ýöne men biziň başymyza düşen ruhy uruş barada pikirleriň döremegi üçin anyk wakalar aýdyldymyka diýýärin. Geliň, indi duşmana hötde gelmek barada wajyp meselä garap geçmek üçin öňe gideliň! ŞU GÜN HUDAÝDAN NÄME BARADA SORAMALY Dyngysyz doga ediň Efeslilere hatda biziň hemişe doga etmelidigimiz barada ýazylan (şeýle hem Selanikliler 5:17 seret). Bu biziň durmuşymyzda amala aşyrarlymy? Mümkin, doly manyda däl, ýöne resul özümiziň hereketlerimizi hemişe Hudaýyň Ruhy bilen ylalaşdyrmalydygymyzy göz öňünde tutdumyka diýip oýlanýaryn. «Dyngysyz doga ediň», — edil biziň enelerimiziň aýdyşy ýaly diýýär: «Hemişe ýanyň bilen saýawan göter». Biz saýawany diňe özümizi goramak üçin däl-de, özümiziň doganlarymyzy we uýalarymyzy goramak üçin hem götermeli. Biziň hemmämiz bilelikde bu apy-tupanyň merkezinde durus. Biz doga edip we Hudaýy diňläp bilýäris, şeýle hem Oňa gulluk edip bilýäris, munuň nirede we haçandygynyň tapawudy ýok: çagany arlyga dolanymyzda hem ýa-da awto ýolunda ulaglaryň üýşen ýerinden çykmaga synanyşanymyzda-da, öz iş jaýymyzda hatlary ýazanymyzda-da, ýa-da suwa düşülýän ýerde gezelenç edip ýören ýerimizde hem. Biziň doga edip bilmejek ýerimiz ýokdur. Meniň oňat dostum Jeffri Bul. Ol Jorj Patterson bilen Tibetde, onuň kommunistler tarapyndan basylyp alnanyndan soň iň soňky hoş habarçylar bolupdy, türmede üç ýyllap tussaglykda boldy. Tussagdakylar oňa azar baryny beripdirler welin, hatda ol özüniň oýlanmaga ukybyny ýitiripdir we iň soňunda pikir etmäge ýagdaýy bolmandyr. Ol özüne berlen jebir-jepalar netijesinde şeýle bir ýagdaýa düşüpdir welin, hatda ol anyk doga etmegi hem başarmadym diýip gürrüň berdi. Şonda ol Hudaýa ýüzlenipdir: Hudaý, eger men türme otagynyň ortasynda başardygymça dik durup bilsem, Sen muny meniň Saňa gulluk etdigim bolýar diýip kabul edersiňmi?» Şondan soň ol tä boşap türmeden çykýança, Jeffri her gün sesini çykarman, türme otagynyň ortasynda aýak üstüne galýardy. Bu onuň sessiz dogasydy we onuň edip bilýän gullugydy. Eger Jeffri Bul özüniň beýnisi işlemände-de doga okamagyň usulyny tapan bolsa, onda men islendik ýagdaýda doga edip bolarmyka diýip oýlanýaryn. Aslyýetinde, men hatda uklap ýatan wagtym hem doga edýändigimi bilýärin. Köp gezek ukudakam, kimdir biri üçin towakga edýänligime doly ynam bilen oýanýan wagtlarym bolýardy. Men munuň diňe mümkin bolman, eýsem Mukaddes Ruhuň aňymyzyň ukuda wagty hem bizi doga etmäge itermegi zerur diýip pikir edýarin. Kim bilýär, mümkin bu biziň iň oňat dogalarymyzdyr! Kynçylyklar döwründäki dogalar Biz nädip dogry doga etmegi öwrenmeli? Men özümiziň dogalarymyzyň üsti bilen erbetligiň güýçlerini dargadyp we dogrulygy dikeldip biljekdigimizi göz öňünde tutýaryn. Özümiň hususy tejribämden bir mysaly getirmäge rugsat ediň. Soňky ýyllarda men Gündogar Ýewropada köp sanly ruhy çopanlary okatdym. Okuw wagtlarynda men olary hökman dagyň gerşine ýa-da depäniň üstüne alyp barýardym, ol ýerden şäher oňat görünýärdi we şol ýerde şäher üçin, onuň ýaşaýjylary üçin, Hudaýy söýýänler üçin we dogry ýaşaýanlar üçin doga edýärdik. Biz olara ak pata bererdik. Ybadathanalara kömek berýänleriň atlaryny tutup doga edýärdik we Hudaýyň maksatlaryna gulluk edýänler üçin, hatda biz olary tanamasak-da doga edýärdik. Men bu dogalar sebäpli uzak wagtlap Demir Perdäniň aňyrysynda galan ýurtlarda köp zatlaryň üýtgänligine çyn ýürekden ynanýaryn. Hatda iň tukatly günlerde hem Hudaý milleti ýadyndan çykarmaýar, hatda olaryň arasynda Hudaýyň gözüniň öňünde imanly bolup çykyş etjek bir adam hem bolsa we milletiň adyndan mertlerçe durup, öz milleti üçin Hudaýdan kömek sorap bilýän bolsa, hiç haçan ýadyndan çykarmaýar. Mysal üçin, Babylda Hudaýyň milletine nämeleriň bolup geçenligine garap geçeliň. Daniýel pygamberiň Kitabynda (9:2) Darýus patyşanyň hökümdarlyk eden wagtynda bolan wakalar barada ýazylypdyr: «…men-Daniýel Rebbiň Ýeremiýa pygambere iberen sözüne görä, mukaddes kitaplara ser saldym. Onda men Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygy barada düşündim». Bu wagtda Daniýel togsan ýaş töweregindedi. Ol özüniň üç sany dosty bilen ýanyp duran peçiň golaýynda durdular. Ol arlaýan arslanyň synagyndan geçdi. Ol babyllylar bilen ençeme gezek çaknyşypdy, babyllylar ýewreýleriň imanyny ýykmagy we özlerini Hudaýyň milleti diýip hasap etmeklerini bes etdirmegi isleýärdiler. Emma Hudaýyň milleti hemişe ýeňiji bolup çykýardy, sebäbi olaryň arasynda hakykat üçin öz janlaryny goýmaga taýýar imanlylar bardy we hatda özge milletleriň patyşalary hem olary munuň üçin hormatlamaga mejbur bolýardylar. Bir gezek ir säher bilen Daniýel Ýeremiýa Pygamberiň Kitabyny eline aldy we ony okady: «Çünki Reb şeýle diýýär: Babyl üçin ýetmiş ýyl dolanynda Men sizi idärin, sizi bu ýere getirmek bilen ýagşy sözümi siz barada amala aşyraryn. Çünki siziň üçin niýetlän niýetlerimi Özüm bilýärin — Reb diýýär, olar size gelejek we umyt bermek üçin ýamanlyk däl, parahatlyk niýetleridir. Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gidip, Maňa dileg edersiňiz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz, bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Men size tapylaryn — Reb diýýär, sizi ýesirlikden yzyňyza öwrerin, sürgün eden ýerlerimiň baryndan we ähli milletlerden ýygnaryn — Reb diýýär…» (Ýeremiýa 29:10–14). Hudaýy ak ýüregi bilen agtarmaly imanly kimkä? Daniýel. Ol Hudaýy ýeke-täk agtarýan adamdy we ol pygamberleriň kitabynda ýesirligiň ýene-de ýetmiş ýyldan tamamlanjakdygyny bildi. Şonda ol senenama seretdi we wagtyň ýetenligine düşündi. Şol ýyl bir üýtgeşik zat bolup geçmelidi. Hudaý öz milletini ýesirlikden azat etmek isleýärdi ahyryn! Muny milletiň özi islänokdymy? Bu soragyň jogabyny bilmek örän wajyp, sebäbi onda towakga etmegiň syry ýatyrdy. Siz pygamberlik kitabynda ýesirligiň wagtynyň tamamlanmagy barada nämeleriň aýdylanyny bilip bilersiňiz. Siz hatda bellenilen wagtyň ýetip gelenligini hem bilersiňiz. Emma pygamberlikde hem şeýle diýilýär: «Siz Meni çagyryň we Meniň ýanyma geliň we Maňa doga ediň». Hudaýyň ähti — durmuşyň kynçylyklaryndan azat bolmagyň kepillendirilen zadyndan hem bir uly zat. Hudaý biziň bilen özara gatnaşyklara girýär. Ninewäniň näme üçin ýok edilmedigi ýadyňyzdamy, ýogsa bu barada pygambelrikleriň kitaby hem bardy ahyryn? Abanýan ölüm barada adamlaryň toba gelmegi pajygaly netijäniň öňüni aldy. Hudaýyň meýilnamasyna laýyklykda doga etmek Biriniň arada durup, Hudaý tarapyndan berlen şertleri ýerine ýetirende, ýagdaý düýpgöter üýtgeýär. Daniýel näme etdikä? Ol bellenilen wagtyň ýetip gelenini bilende, Mukaddes Kitabyň gatyny ýapmady we elini gowşuryp oturmady we şeýle diýmedi: «Hudaýa şükür, ýesirligiň tamamlanmagy ýetip gelýär». Ýok. Meniň pikirimçe, eger-de Daniýel eden zatlaryny etmedik bolsa, Ysraýyl ýesirlikden boşamazdy. Ol Hudaýyň Ýeremiýa pygamberiň üsti bilen aýdan zatlaryny okady we örän aýgytly ädim ätdi. Ol Hudaýyň adyny çagyrdy, ýogsa kitapda bu pygamberlik bolsa-da, ol adamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilmelidi. Şonuň üçin Daniýel aýtdy: «Men Hudaýym Rebbe toba edip, dileg etdim…» (Daniýel 9:4). Bu güýçli dogada ol Hudaýa, beýik we täsin Hudaýa, sargytlary saklaýan we Özüni söýýänleri we parzlaryny berjaý edýänleri saklaýan Hudaýa sežde etdi. Soňra Daniýel özüniň milletiniň dogry bolup ýaşamanlygyny we diňe goýberen birnäçe ýalňyşlary barada däl-de, günäleri edenligini boýun aldy we şeýle diýdi: «Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä etdik, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Saňa baş galdyrdyk. Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň bolan pygamberlere gulak asmadyk» (Daniýel 9:5, 6). Bu dogada Daniýel özüni millet bilen deňeşdirýärdi. Haçan-da biz Daniýeliň durmuşy bilen tanyşanymyzda, Mukaddes Kitapda ol barada hiç hili ýaman zat aýdylmadyk bolan ýeke-tak adamyň Daniýeldigi görünýär (Isadan başga). Ol Hudaýyň iň güýçli esgerleriniň biri bolupdyr, emma özüni ýazykly halky bilen deňeşdirip, gumda we külde dyzyna çökýärdi. Günäler barada iç döküşip we Hudaýy şöhratlandyryp, Daniýel şeýle diýdi: «Eý, Hudaýym, gulak goý we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyňy göterýän şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik. Ýa, Reb, eşit! Ýa, Reb, bagyşla! Ýa, Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym, gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir» (Daniýel 9:18, 19). Meniň üçin bu örän rahatlandyryjy bolup durýandyr. Bizde hem Russiýadaky we Hytaýdaky jebir çekýän ýygnaklar üçin arka tutujy dogalary etmegimize esaslar bar. Bizde Hudaýyň hemme gapylary, hemme serhetleri açmagy, hemme päsgelçilikleri ýok etmegi barada doga etmäge esas bar, biziň öz dogalarymyz üçin jogaplara mynasyp bolanlygymyz üçin däl-de, Hudaýyň merhemetiniň beýikligi sebäpli we ol adamlaryň Onuň ady bilen atlandyrylandyklary sebäpli esas bardyr. Hudaýyň meýilnamalaryna gatnaşyjysy hökmünde doga etmek Eger Daniýel doga etmedik bolsa, ýewreýler Iýerusalime gaýdyp baryp bilerdilermi? Gürrüň soragyň nädogry goýlanlygyndadyr. Hudaý Öz sözüniň wagyz edilmegi üçin Oňa Öz rehimdarlygy we bagyşlamagy barada ýatladýan, öz günälerini we halkynyň günälerini boýun alyp, özüni pes tutýanlary ulanýandyr. Soragy başgaça goýmak gerek: öz dogalarynyň üsti bilen Hudaýyň meýilnamalaryna gatnaşjak imanly gahrymanlar nirede? Hudaýyň ähtlerini adamyň işlerinden aýyrmak mümkin däl. Hatda Hudaý bir zatlary wada beren bolsa-da, bu wadalary ýerine ýetirmek üçin Oňa adamlar gerek. Imanly gahryman bolmak — bu tutuş bir hadysa. Adamlar Isanyň aýdyşy ýaly: «Hudaý, Seniň erkiňi ýerine ýetirmäge gidýärin» diýenlerinde, Oňa meňzemäge çalyşýandyrlar. Hudaý Özüniň edil Daniýeliň üsti bilen güýçli täsir edişi ýaly adamlaryň üsti bilen hem täsir edýändir. Biz Daniýeliň doganyň kömegi bilen söweşenini, özüniň milletini gurşap alan ruhy garşylyklara garşy durşuny görýäris. Adamlar umytlaryny ýitiripdiler, sebäbi duşmanyň yzy üzülmeýän çozuşlary zerarly ysgyn-mejaldan gaçypdylar. Soňra bolsa, dogalardan soň beýik gün hem gelip ýetdi, Daniýel Babylyň derwezesiniň agzynda durdy we ýewreýleriň birinji toparynyň Iýerusalime gaýdyp gelişlerini, ybadathanany we şäheri dikeltmek üçin, soňra bolsa adamlaryň parahatçylykda we howpsuz ýaşamaklary we Hudaýa baş egmekleri üçin şäheriň diwarlaryny dikeltmek üçin, gaýdyp gelýändiklerini görüpdi. Daş-töweregimizdäki dünýä bizi «öz düşünjeleri» bilen azdyrýan durmuş ýörelgesini alyp barmaklygymyza höweslendirýändir. Onuň «düşünjeleri» dünýewi bilimden we kynçylyklara dünýewi nukdaý-nazardan düşünmeklikden gelýändir. Galyberse-de, bu «bilimleri» teklip edýän jemgyýetiň at-abraýy gaty özüne çekijidir. Şeýle ýagdaýda biz nädip yrgyldaman, berk durup bilýändiris? Diňe bir zada aň ýetirmegimiz biziň aň-düşünjämizi ýerine getirýär, ýagny Perwerdigärimiz Hudaýyň çagalary bolýan biziň hemmämiziň nirede ýaşaýandygymyza garamazdan, keseki ýerde ýaşaýanlygymyza düşünmegimizdir. Hatda beýik dini erkinlige şatlanylýan ýurtlarda hem adamlar duşmançylykly güýçler bilen çaknyşýarlar, ol duşmanlar bilim, syýasy, jemgyýetçilik, hatda maşgala durmuşynda hem Hudaýyň täsir etmelerini ýok etmegi isleýärler. Daniýele we onuň dostlaryna menzäp, imanly gahrymanlar hökmünde, özümiziň ynamlarymyz üçin şatlykda-da, kowulmalarda-da berk durarysmy? Biz durşumyz bilen Hudaýa berlip bilerismi, ýogsa duşman özüniň gutarnyksyz topulmalary bilen bizi haldan düşürjek bolsa-da şeýderismi? Biz Oňa wepaly bolarysmy, öz günelerimiz we milletimiziň günäleri barada aýdarysmy, Hudaýyň emrleriniň ýer ýüzünde ýerine ýetirilmegi üçin doga okarysmy? Eger-de bu gün iň soňky gün bolsa Birnäçe ýyl mundan ozal bir aýal meniň bilen söhbetdeşlik edip otyrka, maňa has giň ýaýran küşgürijilikli soragy berdi: «Eger siz özüňiziň diňe 24 sagat ömrüňiziň galandygyny bilseňiz, onda siz ömrüňizdäki bu in soňky güni nähili geçirerdiňiz?» Sorag meni ýylgyrmaga mejbur etdi, sebäbi ol maňa şeýle diýen oglany ýadyma saldy: «Eger siz her güni iň soňky gün ýaly edip ýaşasaňyz, siziňki ahyr bir gün hakykat bolar!» Emma bu örän salykatly, oňat sorag, bu biz-imanlylaryň hemişe özümize berip ýörmeli soraglarymyzyň biri. Hemme wajyp zatlary bir güne jemlemeli bolsak, biz olardan has ileri tutulýanlaryny nähili edip gurmaly (ýa-da üýtgetmeli)? Biz näme ederdik? Biz nirä giderdik? Bu iň soňky gymmatly sagatlary kim bilen geçirerdik? Bu babyň mowzugyna ýakyn aýdanymyzda, biz nahili edip doga okardyk? Biz Hudaýdan name sorardyk — diňe biziň üçin däl, eýse biziň oňat görýänlerimiz we biziň gaýdyp bolmajak dünýämiz üçin näme etmegini sorardyk? Bir zady bellemeli, ýagny Mesihiň Bedeni bilen Onuň Kellesiniň arasyndaky dogalar güýçlenmegiň deregine, tersine, peselýändir. Biziň dogalarymyz öz gezeginde, Ýaradan bilen ikiçäk söhbetdeşligiň deregine, «doga mätäçliklerini» yglan etmekden ýaňa halys bolýarlar. Biz özümiziň doga edenimiz bilen hem bir zatlaryň üýtgäp biljekdigine ynanmaýarys. Şol sebäpli hem hiç zat bolup hem geçmeýär. Biziň doga etmekden gaça durmak üçin her hili bahana tapýanlygymyza geň galyp oturmaly hem däl! Ýogsa-da, biz özümiziň ýüzlenmelerimize hiç hili jogap bermedik, bize erbet günümizde kömek bermek üçin hiç hili çäre görmedik dostumyz bilen öz erkimize her gün bir azajyk hem bolsa wagtymyzy sarp ederismi näme? Her niçik hem bolsa, eger biz Onuň bilen nähili gürleşmelidigine düşünsek, Hudaý bize jogap berýär. Ol biziň her birimiziň hatyramyza, edil Musanyň we Ylýasyň hatyrasyna edişi ýaly, asmany we ýeri hem süýşürmäge taýyn, elbetde, eger biz muny mümkin edip bilýän ruhy ýörelgelere aňymyzy ýetirsek, biziň hatyramyza asman bilen ýeri süýşürmäge hem taýyndyr. Hatda şu gün hem biz töweregimize seredip, imanlylaryň durmuşynda Hudaý bilen ýakyn aragatnaşyklaryň nähili görünýänligini görüp bileris. Olar doga edýärler we hiç zada geň galman jogap alýarlar! Olar Hudaýyň nämelere ukyplydygyny bilýärler we kop zady soramak we jogaba garaşmak üçin Oňa şeýle ynanýarlar. Emma biziň günlerimizde beýle doga edýänler az, dogry gerek? Biz şeýle derejä çenli ýetdik, ýagny adamlar edil Isanyň sargyt edişi ýaly ýaşap, biziň göwnümize bir hili düşünip bolmajak, geň ýaly bolup görünýärler. Hatda mümkin olar Isany bizden hem köp söýýärler diýen manyny göz öňünde tutup, biz olary janypkeşler diýip hem atlandyrýandyrys. Bizi Mukaddes Kitabyň taryhlarynda ýazylan pygamberleriň we resullaryň dogalaryna doly oýun ýaly berilýän jogaplar gaty geň galdyrýarlar we häzirki zaman mysallary bizi ruhlandyrýarlar, edil meniň ozalky dostum Korri ten Boom bilen bolup geçen ýagdaý ýaly, ol özüni nasistleriň konsentrirlenen lagerindäki biziň neslimiziň dogalarynyň in bir işjeň we ýeňip bolmaýan esgeri ýaly edip görkezdi. (Meniň Korri bilen bile doga edenim ýadyma düşdi we şeýle oýlandym: «Bu aýal — Hudaýyň ondan hiç haçan boýun gaçyrmajak aýaly!») Wagtyň we giňişligiň çäklerinden daşary Doga okalýan durmuşdaky wajyp ähmiýete eýe bolan soragyň jogaby: «Isa Mesihiň gaýdyp gelmeginiň öň ýanyndaky günler biz nähili edip doga etmeli?» Bu biziň diňe şu ulgamda bar ünsümizi jemlemelidigimizi aňlatmaýar, sebäbi biz beýtsek özümiziň dogalarymyza düşünmegimizi güýçli çäklendirerdik. Şeýle nakyl ýöne ýerden aýdylmaýar: «Bizde bar bolan ýeke-täk wagt — bu edil häzirki wagtdyr». Kitapda ýazylyşy ýaly, «…Ine indi şu amatly wagtdyr, ine indi şu gutulyş günüdir» (2 Korintoslylar 6:2). Dogadaky iň ajaýyp zadyň biri — onuň wagtyň we giňişligiň çäklerinden çykýanlygyndamyka diýip oýlanýaryn. Biz edil şu wagt doga edip bileris, emma şu günki günüň ruhy durmuşyndan doglan tolkunlar has daşrak we daşrak ýaýrap bilerler. Biziň dogalarymyz baky bolup bilerler, olar guburyň daşyna hem çykyp, soňky gelejekde biziň durmuşymyzy we wakalarymyzy üýtgedip bilerler, bize bu zatlaryň nähili bolup geçjekdigini göz öňüne getirmek gaty kyn hem bolýar. Biziň köpümiz bu barada bilýärismi ýa-da ýok: biz dünýä gelmänkäk bu dünýeden ötüp giden adamlaryň doga edenleri üçin Hudaýyň ak patasyny alýarys. Ýene-de bir zady ynam bilen aýdyp bolýar, ölen bendeleriň eden wepaly towakgalarynyň we öz dogalarynyň jogabyna garaşyp ýetişmedikleriň towakgasynyň netijesi hökmünde, ýagny taryhymyz her gün üýtgäp durýar we biziň dünýämiziň her bir böleginde munuň netijesini görüp bolýar. Ýewreýlere hatdaky imanly gahrymanlar ýaly: «Olaryň bary iman arkaly Hudaýyň berekellasyny gazanan hem bolsa, wada edilen zada gowuşmady. Çünki olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin has gowy zady taýýarlapdy» (Ýewr. 11:39, 40). Agnostlaryň maşgalasynda önüp-ösen meniň amerikaly dostum özüniň imanly mamasy barada gürrün berdi, ol mamasyny hiç haçan görmändir, sebabi dostum dünýä inenden soň birnäçe aýdan onuň bu mamasy dünýeden ötüpdir. Meniň dostum ýaş oglanka Mesihe ynanypdyr. Ol ýekeje-de mesihini tanaman, Hoş Habaryň wagzyny hem eşitmän, ýöne mekdepde tapan Mukaddes Kitaby okap, Mesihe ynanypdyr. Birnäçe ýyldan soň, ol jemgyýetçilik gullugyna çekilenden soňra, ol mamasyny tanaýan, onuň ölmezinden ozal köp ýyllaryň dowamynda bile doga okan bir aýaldan hat alypdyr. «Haçan mamaň seniň dünýä injegiňi we özüniň hem basym pahyr boljakdygyna düşünende, — diýip ol aýal hatynda ýazýar, — ol menden seniň halas bolmaklygyň üçin doga okamagymy sorapdy». Mamasy ýogalandan on bäş ýyl geçenden soň bu dogalara jogap alyndy. Ýyllar geçip durdy, ýöne bu dogalaryň güýji bolsa peselenokdy, sebäbi maşgalasynyň beýleki agzalary hem Hudaý barada bilipdiler. Ol dogalaryň geljekki nesiller üçin hem peýdaly boljakdygyna hiç hili şübhe ýokdur: meniň dostum bu dünýeden ötenden soň hem, onuň okan dogalary edil onuň mamasynyň dogalarynyň oňa täsir edişleri ýaly, ondan soňkulara hem täsir ederler. Bu zatlara ynanar ýaly däl gerek? Biziň dogalarymyzyň täsir etmeleriniň hiç çägi ýok. Eger biz bu dünýede öçmejek yz galdyrmakçy bolsak, onda dogalaryň üsti bilen Hudaýyň meýilnamalaryna çekilmekden oňat hiç hili usul ýokdur. Biziň dogalarymyz özümiziň ýetip bilmejek ýerlerimize hem ýetýändirler (emma eger biz ol ýerlere ugrasak, onda bu dilegler biziň özümizi çalşyp bilmeýändirler). Doga edenimizde biziň üçin hiç hili serhet, türmeleriň diwarlary, ýapyk gapylar ýokdur. Dünýäniň syýasy, ykdysady, harby we ruhy öňdebaryjylary biziň adymyzy bilmezler, emma biz olaryň hemme geňeşdarlaryny bile alanymyzdakydan hem olaryň meýilnamalaryna kän tasir edip bileris. Adamyň nukdaý-nazaryndan köp zatlar ýerine ýetirip bolmajak ýaly bolup görünýär, emma doga okalanda bolsa mümkin bolup bilmejek zat ýokdur. Iň gyzyklandyrýany hem, bu dogalaryň üsti bilen biz gelejege girip bilmegimiz we häzirki wagtda bize elýeterli bolmadyklary öz mylaýym ellerimiz bilen tutup bilmegimizdir, meniň dostumyň mamasy hem edil şeýle edipdi. Ol täze ýoly açýar Eger şu gün siziň ömrüňizde iň soňky gün bolan bolsa, siz nähili edip doga ederdiňiz? Bu sorag jogap berilmäge mynasypdyr, sebäbi ol doga edilende ileri tutulýan meseleleri ýerli-ýerinde goýmaklyga kömek berýär. Jogabyň üstünde pikirlenip, biz hem Hudaý üçin, hem-de özümiz üçin nämeleriň has wajyplygyna düşünmeklige gelýäris. Bu öz nobatynda, biziň pikirlerimizde onat netijeli üýtgetmeleri ýüze çykaryp biler, olar bolsa soňra biziň dogalarymyzyň hilini ýokary galdyrar. Ynha, şeýlelik bilen, şu gün Hudaýdan nämeleri soramaly? Eger men oýlanman jogap beren bolsam, onda şeýle diýip bilerdim: «Resullar we pygamberler näme soran bolsalar, biz hem şony soramaly bolarys». Hakykatda bolsa bu o diýen bir oňat jogap däl ýa-da doly jogap däl, sebäbi Hudaý haýsydyr bir täze zady etmegi oňat görýär. Ol Hudaý — Ýaradan, bize perdäniň üsti bilen täze janly ýoly açýan Hudaý (Ýewr. 10:19, 20). Hatda haçan-da Ol bir zady gaýtalap-gaýtalap etmekçi bolsa-da, meselem, adamlaryň ruhuny halas etmegi, olary bejermegi, olary gulluga çagyrmagy islese-de, şol bir zady her gezek täze görnüşde etmek Oňa ullakan lezzet berýär. Siz her haçan hem bolsa, iki sany adamyň Mesihiň ýanyna bir ýol bilen gelenleri barada eşidipmidiňiz? Edil şonuň ýaly iki sany birmeňzeş garjagazy ýa-da iki sany birmeňzeş barmaklaryň yzyny tapyp bolmaýar we biziň Ýaradanymyz — Hudaýyň hem iki sany birmeňzeş işini tapmarsyňyz. Bizde Hudaýyň nähili hereket etjekdigi barada düşünjämiz bar, sebäbi biz Musanyň, Ýahýanyň ýa-da Pawlusyň döwründe Onuň eden zatlaryny bilýäris. Emma Hudaý gaty üýtgeşikdir. «Ýaglyklary paýlarys welin, oňa ellerini degrip adamlar gutularlar, sebäbi resullar hem şeýdipdirler», — diýen pursatymyz bize sowgat garaşar. Hudaý düýbünden başga zady ýaradar! Ol biziň düýnki tejribämizi bir däp-dessura öwürmegimizi islemeýär. Ol Özüni şu gün açasy we Özüniň hiç haçan biziň üçin etmedik zadyny edesi gelýär. Köplenç biz Onuň täzeligini kabul edip bilmeýäris, sebäbi biz Hudaýyň öňünden bilip bolmaýan häsiýetinden gorkýarys, Ol bize Özüniň hereketlerini hasaplamagymyza mümkinçilik bermeýär, ýagny Hudaýyň hemme zady biziň islegimiz boýunça etmejekdiginden, garaşýan zadymyzy etmejeginden gorkýarys. Biz Hudaýyň häsiýetiniň we ýörelgeleriniň üýtgewsiz bolanlygyna garamazdan, başga zatlarda Ol «her säher täzelenýär» (Ýeremiýanyň agysy 3:23) we Onuň meýilnamalary — diňe «täze zatlary» ýaratmakdyr (Ylham 21:5). Bu bize durmuşdaky başdan geçirmelerimize aýratyn tagam bermeli. Eger-de biz Hudaýyň ertir etjek zatlaryny öňünden bilip bilsek, onda bize ýatan ýerimizden turmak hem gerek bolmazdy, dogry dälmi? Emma hakykatda bolsa Onuň sowgatlarynyň ätiýaçlyklary, biziň her gün irden ukudan turup, töwerekdäki zatlara haýran galmagymyz we öňümizdäki günüň biziň üçin nämeleri taýýarlandygy barada oýlanmagymyz üçin ýeterlikli bolmalydyr. Hudaý meni nirä alyp barar? Ol maňa näme etmegi höküm eder? Ol menden kim üçin doga etmegimi sorar? Ol nähili jogap berer? Düşünýäňizmi, eger biz Hudaýyň biziň üçin ozaldan bäri edip ýören zatlary bilen oňşup ýörsek ýa-da bize düşnükli bolan düşünjeler bilen oňňut edip ýörsek, hakykatda biz Hudaýy çäklendireris we Onuň bize beren örän köp sanly ak patalaryny ýitireris. Şol sebäpli hem Hudaýdan özümiň hiç haçan gabat gelmedik zatlarymy Onuň görkezmegini we Ondan entek hiç kimin oýuna-pikirine gelmedik zady soramagy halaýaryn. Men Hudaý üçin öz ýüregimiň gapysyny açyk saklasym gelýär, Onuň şu etjek zatlaryny «…ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir…» (1 Korintoslylar 2:9; Işaýa 64:4). Men edil şonuň üçin özümiň ähli dogalarym az zatlar barada däl-de, beyik işler baradadyr diýip oýlanýaryn. Näme üçin biz az zatlar barada aladalanmaly? Eger sizi ABŞ-nyň prezidenti Ak Jaýa çagyryp, siziň islän haýyşyňyzy ýerine ýetirmegi wada berse, siz täze toster haýyş edermidiňiz ýa-da başga bir ulurak zat barada oýlanardyňyzmy? Toster (çöregi gatadyjy) we pirogyň kiçijik bölegi barada Biz Hudaýa doly baha bermeýşimizde ýalňyşýarys. Egerde biz Ony edil Onuň isleýşi ýaly bilsedik, eger öz dogalarymyzyň güýjüni bilsedik, onda biz gün içinde ýüzlerçe gezek dyzymyza çöküp, Ondan dünýäni tersine öwürmegini haýyş ederdik. Biz täze toster barada haýyş edip, wagtymyzy biderek ýitirmezdik we Hudaýyň aýdan zatlaryny ýadymyza salardyk: «Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin» (Ýahýa 14:14). Biz edil toýdaky bir bölejik pirogyň üstünde ýaka tutuşýan myhmanlara menzeýäris. Biz az zatlar barada soramagy özümize endik edýäris, sebabi muny salykatlylygyň alamaty diýip hasaplaýarys. Hakyna seredende bolsa tersine: eger biz hakykatdan hem salykatly bolýan bolsak, onda biz Hudaýyň beýikligini we hemme zady başarýandygyny ýokary galdyryp, bizi Özüniň artykmaçlyklarynyň derejesine çenli galdyrmagyny we Onuň artykmaçlyklarynyň biziň hususy özümiziňki bolmagyny sorardyk. Soňra biz Onuň emriniň ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga girişeris, Hudaýdan hakykatdan hem ähmiýetli zatlar barada sorarys. Men muny aýtmak bilen nämeleri göz öňünde tutýaryn? Men özümiň ähli arka tutujy dogalarymdaky amaly zatlar barada doga edýärin. Ruhy urşuň bölegi — bu şeýtanyň biziň dünýämiz üçin Hudaýyň meýilnamalaryny ýok etmek ýa-da bozmak üçin ulanyp biljek «tebigy» diýlip atlandyrylýan duşmançylykly güýje işjeň garşy durmaklykdyr. Men «tebigy betbagtçylyklar» diýlip atlandyrylýan wakalaryň köpüsiniň şeýtanyň işidigine ynanýaryn. Gopgunlar, ýer titremeleri, suw joşmalary, tokaýdaky ýangynlar — bularyň hemmesi (hemişe hem däl) iblisiň Hudaýyň Patyşalygynyň ýa-da käbir adamlaryň gymmatly taslamalaryny ýok etmek üçin edýän synanyşyklarynyň netijesi bolup bilýändir. Biz beýle betbagçylyklar bolanda dogalarymyz bilen olaryň güýjüne garşy durmaklyga taýýar bolmalydyrys. Aslyýetinde, biziň köpümiz ruhy söweşleriň beýle görnüşlerine çekilendiris, hatda bu barada biz oýlanyp hem durýan däldiris. Men çagalary gyzdyryp ýatanda olaryň başujunda oturyp doga edýän müňlerçe eneler barada ýatladym. Ähtimal, olar özleriniň bu ruhy urşa çekilendikleri barada oýlamaýan bolmaklary hem mümkin, emma olar doganyň kömegi bilen öz gözleriniň alnynda bolup geçýän zatlara garşy durmaklary barada bilýärler, şol sebäpli hem muňa garşy durmak üçin özleriniň ähli güýçlerini sarp edýärler. Olar çagasynyň gyzgynynyň peselmegi üçin doga edýärler, öz edýän zatlaryna aňlaryny ýetirmeýärler, ony öz çagasynyň sagalyp gitmegi üçin doga edip soraýarys diýip hasap edýärler. Haçan-da biz ruhy urşuň beýle görnüşi barada bilenimizde, şeýtanyň bize Hudaýyň emrini ýerine ýetirmegimize päsgelçilik bermek üçin özüniň hemişeki synanyşyklarynda ulanyp biljek usullaryna garşy, ýagny «tebigy» betbagtçylyklara garşy göreşmek üçin ýaramly ýaraglary saýlap almagy oňat başararys. Meselem, bir gezek men Günorta Afrikada uly ýygnaklaryň birinde ybadat edip otyrkam, güýçli apy-tupan turdy. Biziň duşuşygymyz üsti demir bilen ýapylan ullakan jaýda geçip durdy, ol jaý köçeden gelýän sesi saklanokdy. Bu meniň ömrümde örän iň güýçli apy-tupanlaryň biridi: jaýyň töweregindäki agaçlar ýykyldylar, jaýyň üçegi şeýle bir titreýärdi welin, ynha ony häzir şemal goparyp gider diýdirýärdi. Hiç kim meniň aýdýan zatlarymyň birinem eşidenokdy, şol sebäpli men dymdym we apy-tupany kowmak üçin doga okap başladym. Birnäçe sekuntdan şemal ýuwaşady we biz ýygnagymyzy dowam etdirdik. Beýle hadysalara men öwrenişip gitdim we olar meni Hudaýyň biziň ulanmagymyz üçin ygtyýarymyza berýän ýaragyndan peýdalanmagy öwretdiler. Men bir sekunt hem şübhelenmeýärin, ýagny, doga bilen güýçlere garşy durmakda meni Hudaýyň emrlerini ýerine ýetirmekden saklap bilmejekdiklerine ynanýaryn. Siz hem muňa şübhelenmeli däl. Ol siziň üçin hem niýetlenilendir. Doganyň «agyr ýüki» Sizi doga etmegiňize Mukaddes Ruhuň höweslendiren aýratyn ýagdaýlaryň boljakdygyna hiç hili şübhe ýokdur we elbetde, siz muňa aýratyn ähmiýet berersiňiz. Ähtimal, arka tutmaklygy çyny bilen ýüregine düwen her bir imanla Hudaý haýsydyr bir anyk doga «ýüklerini» berendir. (Bu diýen dogry adalga hem däl, aslyýetinde gürrüň aýratyn bir zehin barada gidýär, emma biz şu adalgany ulanmaly bolýarys, sebäbi biziň köpümiz bu söze öwrenişdik.) Doga ýüki — bu biziň aýratyn bir güýç üçin edýan dogalarymyz, bu Hudaýyň Ruhunyň bizden doganyň kömegi bilen bir zada täsir etmegimizi çagyrýan taryhyň bir bölegi. Eger biz özümiz hakda Hudaýyň emrini ýerine ýetiriji hökmünde pikirlensek, onda biziň üçin Hudaýyň goşulmagynyň özümizi anyk bir giňişlikde ýagdaýy üýtgetmäge höweslendirýänligi düşnükli bolýar we şonda biz aýratyn ýüki alýarys. Bu haýsydyr bir adama ýa-da tutuş millete, ýa-da jemgyýetiň materializm ýaly keseline, ýa-da aýratyn bir kynçylyga, meselem, öz ýaşaýan ýeriňizdäki ýetginjekleriň toparynyň edýän rehimsiz hereketlerine degişli bolup biler. Biz şu gün imanlylaryň göze görnüp duran açyk kynçylyklar üçin doga etmeginden başga, Hudaýyň Ruhundan haýsydyr bir anyk zat üçin doga etmegi görkezmegini sorap bileris. Ol hemişe jogap berer. Hudaýyň Öz işlerine özümizi çekmegini sorap ýüzlenenimizde, Ol muňa şatlanýar. Elbetde, arka tutujy doga bilen doganyň beýleki görnüşleriniň arasynda tapawut bar, meselem, özümiziň mätäçlik çekýän, gorkýan we ruhy ösüşimiz baradaky zatlarymyz üçin şahsy dogalarymyzyň ýa-da «doga telegrammalarynyň», ýagny has zerurlyk ýüze çykanda şol pursatda okalýan, durşuna abanyp gelýän howp ýa-da kynçylyklara bagyşlanylan dogalaryň arasynda tapawutlar bar. (Eger men Beýrutda köçeden gidip barýarkam, arkamdan oklar şuwlap atylyp başlasalar, men Pekiniň ilaty üçin doga etmerin ahyryn!) Arka tutmagyň üsti bilen biziň dünýämiz üçin Hudaýyň uzak möhletleýin meýilnamalaryna degişli bolan has çuň hadysalara çekilip bileris, edil şol bir wagtda bolsa, biz ýagdaýy üýtgetmäge ukyply bolan anyk adam üçin, kesgitli kynçylyk, kesgitli üýtgeşiklikler barada anyk dogada ünsümizi jemleýäris. Biz bütin dünýä boýunça Mesihiň Bedeni bilen birleşýäris we Gökdäki Patyşalygy ýakynlaşdyrýan hadysalar üçin ýeke-täk işjeň doga edip başlaýarys we ol dogalar Onuň duşmanlaryna zarba urýarlar we biz Ondan anyk ugurlarda hereket etmegini soraýarys. Meniň çagalarym bar we käwagtlar biz doga etmek üçin bile ýygnanyşýarys. Olaryň öz durmuşlary we öz işleri bar. Ýöne Eýýup öz çagalary üçin doga etmekde gaýduwsyz bolupdyr. Olaryň hiç birleri tötänlikden Hudaýdan daşlaşmasynlar diýip, ol elmydam olaryň her birleri üçin gurbanlyk berer eken. Meniň üçin bu sapak almaly mysal. Ertirki doga Men her gün irden, meniň üçin munuň nähili gymmatly boljagyna garamazdan, Hudaýyň emrini ýerine ýetirmek üçin doga etmekde aýratyn bir höwes bilen turmaýanlygymy boýun alýaryn. Käwagtlar men Injili elime alyp, dyzyma çökenimde, doga edip we günälerimi boýun alyp, öz-özüm bilen göreşýärin. Emma Isa Özüniň ylham beriji mysalyny görkezýär, ýagny doga bilen bilelikde islendik kynçylyklara nähili edip hötde gelmekligi öwredýär. Markusyň Hoş Habarynda (1:35) şeýle ýazylan: «Ertir irden şapak entek gyzarmanka, Isa turup daşaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy». Hudaýyň emrini ýerine ýetirmek üçin taýýarlykda Isanyň bäş sany bendi berjaý etmegine üns beriň: 1) Irden. Biziň köpümiz üçin günüň iň ýakymly wagty — ir säher bolýar: ol wagt biz özümiziň ýylyja düşegimizde hezil edip ýatýarys. Elbetde, biziň köpräk ýatasymyz gelýär we turasymyz gelmän turýarys. Käbirleri gazet okaýarlar, käbirleri bolsa telewizory açýarlar. Geýnip, biz işe ýetişmäge howlugýarys. Günüň ahrynda biz özümizde doga etmäge wagtyň bolmanlygyna aňymyzy ýetirýäris. Hudaý biziň edýän zatlarymyza düşüner diýip oýlanýarys. Emma Isanyň Özi hemişe gününi doga etmekden başlaýardy. 2) Şapak entek gyzarmanka. Hytaýda hoş habarçy hökmünde ençeme on ýyllyklaryň dowamynda işlän Hadson Teýlor özüniň ömrüniň ahyrynda şeýle sözleri ýazypdyr, onuň bu sözleri hemişe meni ruhlandyrýar: «Meniň Hytaýda ýaşan wagtymyň hemme dowamynda dogup barýan gün meni dyza çökmäge mejbur etdirýärdi». Bu nähili şaýatlyk! Ol Isadan mysal alýardy. 3) Turup. Düşegiň üstünde doga etjek bolmaň. Mundan hiç zat çykmaz. Bu ýagdaýyňyz hem dilegi, hem-de dynç alşy bozar. 4) Çola ýere baryp. Näme üçin Isa çola ýere bardy? Sebäbi Onuň Özüniň öýi ýokdy ahyry, Ol hemişe Öz dostlarynyň myhmany bolýardy, Atasy bilen gürrüňdeşlik etmegine hiç kim päsgel bermez ýaly, Ol gidýärdi. Biziň köpümize-de ünsümizi bölüp biläýjek telefon ýa-da başga zatlar azar bermez ýaly, adamsyz ýere barmagymyz gerek. 5) Doga etmäge durdy. Hakyky doga etmek — bu hemişe hakyky zähmetdir, Hudaýyň bizden etmeli zatlarymyz barada sorandaky taýýarlygymyzdyr. Isanyň taýýarlanmagynyň gymmaty şeýledi. Eger biz bu gymmata hötde gelmäge taýyn bolmasak, onda biziň imanymyz haýyrsyz bolar. Tä özümiz köp tagallalary goýmagy isleýänçäk, biz köp zat almarys. Biz irräk turmaly, düşegimizden düşmeli we dyzymyza çökmeli. Meniň gulluk etmegimiň birinji ýylynda (bu otuz ýyl mundan ozal bolupdy) Hudaý maňa şeýle diýipdi: «Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir…» (Ylham 3:2). Bu meniň iň gowy tabşyryklarymyň biri bolupdy. Men şunuň bilen ýaşamalydym. Ýöne ilki bilen mende höwes döremelidi. Men turanymda, ýatanlaryň görüp bilmejek zatlaryny görüp başladym. Hudaý maňa ir säher bilen açylyp başlapdy. Aklyň täze we işjeň, ýüregiň rahat we erkin, ruhuň hem Hudaýyň sesini oňat kabul edýär. Günüňi Hudaýdan başlamak nähili wajyp! Agşamky doga Doga pida çekiji gatnaşygy talap edýär. Ýöne ýadaw wagtyň uklamak nähili ýakymly! Men Isanyň durmuşy barada okan wagtym köplenç Onuň Özüni ýadaw duýanlygyny, hiç zada ysgynynyň bolmandygyny görýärin, çünki Ol köp sagatlaryň dowamynda Öz şagirtlerine halypalyk edýärdi, köp syýahat edýärdi, Oňa gulluk edýän, olar bilen gürrüňleşýän, olar üçin doga edýän, olary ekleýän we olaryň kömegine umyt edýän bendeler Onuň yzyna düşüp ýöreýärdiler. Emma Ol Özüniň ruhy abadanlygy barada hiç haçan ýadyndan çykarmaýardy. Uzakly günki gullukdan soň, haçan «Soňra hemmesi öýli-öýüne gidende-de, Isa Zeýtun dagyna gitdi» (Ýahýa 7:53; 8:1). Luka bolsa, hemmeler ýadap ýatmaga gidenlerinden soň, «Isa çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi» diýip ýazýar (Luka 22:39). Bu Oňa nähili başardýardy? Ol nireden güýç alýardy? Sorag, ähtimal, nädogry goýlandyr. Biz doga etmek üçin güýç we çydamlylyk barada aýdýarys, ýöne mümkin bu meselä başga tarapdan garamalydyr — dogalarda Ol Özüniň gullugy üçin güýç toplaýardy. Isa bir zady mesemälim edip görkezdi, ýagny Hudaýyň Ogly hem, eger-de Ol Özüniň Gökdäki Atasy bilen bile bolmak üçin wagty harç etmese, Hudaýyň isleýşi ýaly gulluk edip bilmezdi. Diňe doga Bu doga edilende başga hiç bir zadyň bolmaýanlygyny aňladýar. Şonda hem biziň hemme häsiýetlerimiz açylýar. Eger bizi telewizion kameranyň öňünde çyra ýagtysynyň düşýän ýerinde goýsalar ýa-da sahnada goýsalar, biziň köpümiz, men hem şol sanda, edil sahnaçy hökmünde islendik «ruhy» sahnany oýnap bilerdik. Ýöne özüm bilen Hudaýyň arasynda hiç kim bolmasa, maňa özümi sahnadaky ýaly alyp barmaklygyň geregi ýok. Hut şeýdip men Hudaýyň adamy bolýaryn. Haçan-da men Hudaý bilen ýeke-täklikde dursam, dünýäni Onuň gözleri bilen görmegi öwrenýärin. Eger men oýanmasam we ýerimden turmasam, dyzyma çökmesem, onda edil beýlekileriň hem görmeýişleri ýaly hiç zady görmerin. Hudaý bizden dünýäniň mätäçlik çekýän zatlaryny Özüniň nukdaý-nazaryndan görmegimizi isleýär. Munuň üçin köp tagallalar gerek bolar, ýöne biz Hudaý bilen ýeketäklikde bolmaga näçe köp wagtymyzy bersek, şonça-da biz mundan köp zatlary alarys. Biz hemişe biri bilen gatnaşykda bolmaly diýen pikir bilen, başga adamlar bilen gatnaşykda bolmaga çalyşýarys, şol sebäpli hem seýre halatlarda ýeke bolýarys. Ýöne şeýle hereket etmek bilen, biz Hudaýyň özümiz üçin taýýarlap goýan zatlaryny sypdyryp bileris, sebäbi biz Isanyň yzyna hemişe düsüpmeýäris we biziň beýleki adamlar bilen aragatnaşyklarymyz Onuň bilen gatnaşyklara garanda has içgin bolýar. Isleseňiz, siziň özüňiz muňa göz ýetirip bilersiňiz, siz näçe köp ýeke-täklikde doga etseňiz, şonça-da netijeleriň has göze görnüji, duýuju, kuwwatly we güýçlüdigini görersiňiz. DUŞMANA NÄDIP HÖTDE GELMELI Kämil termostat Iki ýyl mundan ozal «Açyk gapylar» atly gurama tarapyndan geçirilýän doga okaýjylyk konferensiýasynda meniň köne dostum nahar başynda erbetligiň güýçleri bilen gözegçilikde saklanylýan ýurtlara Injili äkitmegiň örän kynlygy barada gürrüň berdi. Ol: «Men bilýärin, biz has birleşen bolmaly we has aýgytly hereket etmeli, — diýdi. — Ýöne, duşmancylykly dünýäde söweşip we şol bir wagtyň özünde Isa Mesihiň söýgüsini nähili edip alyp barmaly?» Men onuň soragyna jogap berdim, ýagny özümiň bir gezek Korri ten Boom bilen Gollandiýada bir duşuşykda, toparyň arasynda edil şu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşanlygym barada gürrüň berdim. Şonda biz birazrak mowzukdan çykdyk we ýyladyş we sowadyş ulgamlary üçin termostatlar baradaky gürrüňe geçip gitdik. Umuman aýdanda, söhbetdeşlik üçin islendik mowzuk o diýen bir geň hem bolmaýardy, diňe eger Korriniň hemişe islendik tehnika barada aýdylanda lezzet alýandygyny hasaba alaýmasaň. Hünäri boýunça sagat ussasy bolansoň, ol bir gymyldaýan zat bolsa — sagatlardan adamlara çenli şony oňat görerdi. Edil şol gün hem ol duşuşyga gatnaşýanlaryň her biri termostatlar barada azda-kände bilýän ekenler we Korri olaryň nähili işleýänini bilesigelijilik bilen soraýardy. Edil onuň bilesigelijiligini kanagatlandyranymyzdan soň, ol şeýle sorady: «Termostat bilen termometriň arasyndaky tapawudy maňa düsündirip beriň!» Korriniň olaryň arasyndaky tapawutlara düşünip başlandygyny onuň gözlerinden aňmak bolýança, düşündirişler birnäçe minutlap dowam etdiler. «Hemme zat düşnükli, — diýdi ol. — Termometr diňe gyzgynlygy görkezýär. Termostat bolsa ony üýtgedýär». Soňra ol birden oturan oturjygyndan zaňňa galdy. «Andreý! — diýip gygyrdy. — Bu hem biziň meselämiziň çözgüdi ahyryn! Biz termometr däl-de, termostat bolmaly!» Hemişeki bolşy ýaly, Korri edil meseläniň üstünden bardy. Biziň ýaşaýan dünýämiz ýaly dünýäde imanly üçin hemişe termometr bolandan, termostat bolsa oňat bolýar. Biziň hemmämiz gazetleri okaýarys ýa-da telewizora seredýäris, halkara wakalaryna we öz ýurdumyzdaky hadysalara syn edýäris. Uruşlar, rewolýusiýalar, ýesirlige almak, jenaýatlar, korrupsiýa, ahlak taýdan batmaklyk… Bularyň hemmesi ahlak we ruhy güýçlerimiziň-gymmatlyklarymyzyň peselýänligini görkezýärler. Biz oňat hadysalara hem syn edip bilýäris — bu Russiýada we Gündogar Ýewropada, ýer ýüzüniň başga böleklerinde Injil üçin onýyllyklaryň dowamynda yapyk duran Demir Perdäniň açylmagy, öz imany üçin kommunistik lagerleriniň baş müdürliginde uzak wagtlap saklanylanlaryň we ruhy keselliler üçin hassahanalarda saklananlaryň boşadylmaklary. Ýöne biz diňe bolup geçýän wakalara syn etsek we olar barada: «Nähili elhençlik!» ýa-da «Nähili ajaýyp!» diýsek, onda biziň termometrden hiç bir tapawudymyz bolmaz. Korri dogrusyny aýdypdy: eger biz şeýtana garşy göreşde ýeňiş gazanmak islesek, eger biz bu dünýädäki ýagdaýy üýtgetmegi üçin Hudaýa ýalbarmakçy bolýan bolsak, onda biz ýöne bir termometr bolmaly däl. Biz termostat bolmalydyrys. Termostatlar edil ýagdaýy üýtgetmek üçin işleýärler. Olar diňe bir hasaba almaýarlar: örän yssy ýa-da örän sowuk — olar bizin täsir etmegimize jogap berýärler we hakykatdan hem daşky gurşawy üýtgedýärler. Gyşda iş jaýymda men termostatyň işläp başlanda ýuwaşrajyk jykgyldysyny eşidýärin we eger oňa syn edip otursaň, hatda ol kontaktyň döredýän kiçijik uçgunjygyny hem görse bolýar. Soňra merkezi bug bilen işleýän gazany herekete girýär we birden bir zatlar üýtgeýär. Meniň iş jaýymyň ýyladyş mehanizminiň hemme ulgamy sowuga garşy göreşip başlar, sebäbi men jaýyň içindäki howanyň näçe ýylylykda bolmalydygyny çözdüm we termostat gyzgynlygy üýtgetmek bilen jogap berdi. Imanly bolmak bilen biz hem edil şeýle işlemeli. Biz özümiziň diňe bir dünýä üçin sowugy ýa-da yssyny bellemek üçin termometr bolmaklyga döredilmedigimize düsünmeli, diňe kellesini ýaýkaýan we dilini çeýneýän adamlar bolmalydyrys diýip düsünmeli däl. Biz Mukaddes Ruhuň täsirine jogap berip, üýtgeşmeleri geçirmek üçin öz herekete getirijilerimizi herekete getirmeli ahyryn! Hudaý biziň muny etmegimiz üçin elimize güýç-kuwwat we höküm berdi. Isa şeýtany nädip derbi-dagyn etmelidigini öz yzyna eýerijilere arman-ýadaman öwredýärdi. Ol şeýle hem Özüniň yzyna eýerijileri bize mysal edip görkezdi, sebabi Ol şeýtany edil onuň Öz bolýan çäklerinde ýeňmegi başardy we şol bir wagtyň özünde hiç kimiň hiç haçan söýmeýşi ýaly ýer ýüzüniň adamlaryny söýmegi başardy. Isa, Korriniň aýdanlaryna meňzeşleri ulanmak bilen, ajaýyp termostat bolupdy. Ol nira barsa-da, aýgytly üýtgetmeleri geçirýärdi. Mukaddes Kitap — şeýtana garşy oňat ýarag Isanyň çölde synalyşy baradaky taryh (Matta 4:1–11; Markus 1:13; Luka 4:1–13) ruhy söweşiň iň wajyp ýörelgeleriniň birini öwredýär. Geliň Lukanyň Hoş Habaryna ýüzleýje garap geçeliň, Isanyň iblisi ýeňmek üçin ulanan ýörelgesine syn edip göreliň. Haçan-da Isa kyrk günläp oraza tutup gezenden soň şeýtan Onuň ýanyna baryp, şeýle diýdi: «…eger Sen Hudaýyň Ogly bolýan bolsaň, onda bu daşyň çörege öwrülmegine höküm et». Şeýtan hiç hili «egeriň» bolup bilmejegini örän oňat bilýärdi. Ol bu ýere Isanyň Hudaýyň Ogly bolanlygy üçin barypdy ahyryn! Isada iblis üçin subut edere hiç zat ýokdy, şol sebäpli hem Onuň oňa garşylyk görkezip topulmasy ýönekeý we göni boldy: «…ýazylan, adam diňe bir çörek bilen ýaşamaz…». Haçan-da şeýtan ýene-de Onuň ýanyna baryp, Oňa entek taryhda hiç kimiň görmedik parasyny hödürlände-de, Isa öz ýörelgesini üýtgetmedi. Ol şol bir kuwwatly ýarag ulanyp, onuň temmisini berdi: «…ýazylan: „Öz Hudaýyňa tabyn bol we diňe Onuň özüne gulluk et“». Şol pursatda şeýtan özüniň adaty ýörelgesini ulanany bilen uzaga gidip bilmejegine düşündi. Ol oda ot bilen jogap bermegiň kararyna geldi. Ol özüniň üçünji çozuşynda ol Kitapdaky ýazylanlaryň Isanyň hapa maksatlary üçin gulluk ederi ýaly edip, tersine öwrüp aýdyp berýär (asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelýän ýörelgeleriniň biri; ýogsa-da, ol ony uly üstünlik bilen ulanyp gelýär). Bu gezek ol Isany Iýerusalimdäki ybadathananyň üçeginde goýdy: «Eger sen Hudaýyň Ogly bolýan bolsaň, onda sen özüňi şu ýerden aşak zyň-da, çünki şeýle ýazylandyr: „Öz Perişdeleriňe Seni saklap galmaklary üçin Özi olara sargyt edýär; Seni ellerinde göterip giderler, Öz aýagyň bilen daşa büdremersiň“». Göz öňüňize getiriň! Şeýtan Hudaýyň Sözüni sözmesöz gaýtalap, oňa garşy çozuş etjek boldy ahyryn! Her niçik bolsa-da, şeýtan Mukaddes Kitaby takyk gaýtalamaýar. Ol «Seniň hemme ýollaryňda seni gorarlar» diýen sözleri goýberipdir (Zebur 91:11), şeýdip ol Hudaýyň Sözüni ýoýýar. Eger-de Isa onuň aýdanlaryna gulak gabardan bolsa, onda ol Hudaýyň emrini ýerine ýetirmekden aýrylardy, bu bolsa, Hudaýyň goramagyndan mahrum bolmagyny aňladýar. Şeýtanyň tekepbirligi munuň diri mysalydyr. Emma Isa muňa hem taýyn bolupdy. Aslyýetinde Ol Kitapda şeýle ýazylan diýip jogap beripdi: «…Öz Hudaýyňa dil ýetirme». Bu Isa bilen şeýtanyň arasyndaky tutluşykdy, olaryň bu tutluşygynda Mukaddes Kitap gylyçlary bolup gulluk edýärdi! Emma şeýtan bu tutluşyga güýjüniň ýetmejegine basym düşündi-de, ýaralaryny ýalamaga gitdi. Görýäňizmi, Isa Kitaby Özüniň ýaragy hökmünde ulanyp, nähili ýeňiş gazandy? Injilde Isanyň Özüniň şeýtana garşy durmagy baradaky hemme ýagdaýlar ýazylmandyr, diňe bir ýerde Ol hakda şeýle diýlip ýazylan: «…çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem, her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir baş Ruhanymyz bardyr» (Ýewr. 4:15). Ýöne getirilen mysallardan, Isa üçin Mukaddes Kitabyň iň kuwwatly we hereketli ýaragy bolandygy görünýär. Injildäki bu mysallarynyň her birinde şeýtan Isada günä etmek üçin islegiň dörejekdigine umyt edýärdi, Onuň Öz güýjüni özdiýenli ulanmagyna bil baglaýardy: Özüniň kyrk gün orazadan soň gerk-gäbe doýurmagyny, Özüni Hudaýyň Ogly edip görkezmegini we dünýä höküm etmek üçin hökümi alasy gelýärdi. Şeýtan Hudaýyň paýhaslylygyna we Onuň söýgüsiniň gaýduwsyzlygyna baha bermedi, ondan hem beteri, ol özüniň aklyna has ýokary baha berdi (bu bolsa şeýtanyň ýeňilmegine getirdi). Şeýtan şu günler hem şoňä meňzeş sahnalary ulanyp gelýär. Ol bizi höküm etmeklige imrindirýär, sebäbi ol munuň hemme zatdan özüne çekijidigine düşünýär. Biziň imanly bolan we Hudaý bilen özara gatnaşyklara girip, Onuň güýjüne elýeterlik alan pursatymyz, şeýtan şol bada biziň üstümize topulýar we bize bu güýji öz hususy bähbitlerimizde ulanmagymyz üçin imrindirip, bizi azdyrmaga synanyşýar. Eger dünýä ýylylygynyň üýtgemekligi barada towakga etmegiň we olara hötde gelmek mümkinçiligi barada towakga etmegimiziň deregine, özümiziň şahsy isleglerimiziň ýerine ýetirilmegi üçin doga etmekligimize bizi yrmak oňa başartsa, onda onuň bizi ýeňenligine hiç hili şübhe hem bolup bilmez. Ýaragyňy öz ýanyň bilen götermek gowudyr Isanyň erbetlige garşy durmak üçin saýlap alan ýaragy, şeýtanyň Oňa tarap gönükdiren islendik imrinmesini görkezmek üçin ýeterlikli kuwwaty boldy. Isa Hudaýyň Sözüniň şeýtanyň imrindirmelerinden goranmagyň ýeketäk we iň gowy usuldygyny bilýärdi. Şeýle hem bu biziň üçin hem iň ajaýyp ýaragdyr. Şunuň bilen baglanyşykda we köp sanly başga sebäplere görä, men hemişe Mukaddes Kitaby ýat tutmagyň tarapdarydym. Men şeýle netijä geldim, ýagny ýat tutmak köp ybadathanalarda şu gün modadan galdy, aýratyn hem Injiliň hemmeler üçin elýeterli bolan erkin ýurtlarda. Eger islendik wagt Injili açyp, gerek aýatymyzy tapyp bilýärkäk, näme üçin wagtymyzy we güýjümizi sarp etmeli diýip, adamlar aýdýarlar. Bu adamlar özleriniň nähili şowly adamdyklaryny bilenoklar we men olaryň bu artykmaçlygynyň iňňän gysga wagtda ellerinden alynmagyndan hem gorkýaryn. Şeýle hem olar Mukaddes Kitaby ýat tutmagyň ruhy söweşde nähili agirt artykmaçlyk berip biljegine düşünmeýärler. Eger söweşýän goşunyň esgeri birnäçe minut mundan öň biziň gapymyzy kakyp we siziň maşgalaňyzy atmak üçin hatarlap goýsa, oňa siziň gykylygyňyz kömek berermikä: «Dur, esger, atma, meniň ýaragym bar! Häzir seniň bilen söweşmek üçin men ony çykararyn, ýöne ol o ýerde garažda? « Ýok, eger siz ýaragyňyzyň peýda getirmegini isleseňiz, ol islendik wagt we islendik ýerde siziň üçin elýeterli bolmalydyr. Şeýtana garşy iň gowy serişde — bu Mukaddes Kitapdyr we eger biz ondan peýdalanmakçy bolsak, ony garažda saklamagyň geregi ýokdur. Siz Kitaby ýat tutanyňyzda, ony hemişe öz ýanyňyzdaky ýaraglaryň sanawyna goşarsyňyz. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hemişe siziň bilendir. Eger çozuş garaşylmadyk halatda ýüze çyksa, siziň ygtyýar etmegiňizde kuwwatly Söz bolar. Bu bolsa iblisiň esgerleriniň topulmalaryna garşy durmak üçin Hudaýyň hökümine we güýjüne doly eýe bolýan ýarag bolar. Ol size göreşmek üçin güýç berer. Çagalyk döwründe ýat tutan goşgularyny ýadyna düşürip, özleriniň janlaryny birnäçe gezek halas eden köp sanly adamlar meniň ýadyma düşdi. Başgalary bolsa Mukaddes Kitaby ýat tutan adamlaryň beren bölejiklerine we ujupsyzja sözlerine razy bolup oturmaly bolýardylar. Men şeýle bir ýerlerde boldum, ýagny imanlylar gizlin ýerlerde ýygnananlarynda, olara zordan tapmak nesip eden Injiliň birnäçe sahypalaryny ýyrtyp alýardylar we olaryň her biri özüne ýeten sahypalary ýat tutmalydy we birek-birekleri bilen çalyşmalydylar. Käwagtlar sahypalar çalşylman hem galýardy, sebäbi imanlylar öz ellerine aýdaýylda düşen bu Mukaddes Kitabyň sahypalaryny ellerinden gideresleri gelmeýärdi. Bu sahypalar olar üçin iň gymmatly hazynadylar. Haçan-da men imanlylaryň beýle toparyna baryp, öz Injilimi açanymda, men otagda oturan adamlaryň nazarlarynyň diňe şu Kitapdadygyny görýärin, hamala diýersiň olaryň seredişleri edil açlygyndan ölüp barýan adamlaryň öňünde näz-nygmatdan doly, giňden ýazylyp goýlan saçaga seredişi ýalydy. Köplenç beýle imanlylaryň arasynda men imanyň örän çuňňur, geň galdyryjy mysallaryna duş gelerdim. Olar Kitapdaky ýüzlerçe aýatlardan diňe ýekeje sahypasyny bilseler hem, olar üçin şeýtanyň olara berip biljek ejirlerini dabaraly ýeňmekleri üçin ýeterlikli bolýardy! Biziň aramyzda islegine göra köp sanly Injili bolanlarymyz öz elinde saklaýan ruhy partladyjynyň gadryny seýrek bilýärler. Kitaby ýalňyş okamak Erem bagyndaky tejribe barada biz ozal aýdypdyk: bu başga babatda nusga alarlykdyr. Şeýtan diňe adamlarda Hudaýyň Sözüniň hakykylygyna şübhe döretmän, eýsem How enäniň özi hem Hudaýyň Sözüne goldanyp ýalňyşlyk goýberipdi. Ol Hudaýyň gadagan eden zatlaryny ýalňyş gürrüň berdi. Hudaý şeýle diýipdi: «…Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» (Başlangyç 2:16, 17). Haçan-da How ene bu sözleri getirende, ol onuň üstüne birazajyk goşdy: «Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi» (Başlangyç 3:3). Hudaýyň Sözüne goşmaçalary girizmek, şeýle hem olary gysgaltmak örän howpludyr. Hudaý Adam ata we How enä agaja degmäň diýmedi ahyryn, şol sebäpli hem şeýtan şeýle jogap berdi: «Ýok, ölmersiňiz», onda ýarym hakykatyň baş ugurly artykmaçlygy bardy. Hakykatdan-da, How ene agaja elini degrende, ol ölmedi, şol sebäpli hem öz pikirlerini giňeldip başlady, birazajyk ýakyn baryp, miweden dadyp görsem näme bolaýarka? — diýen pikir döredi. Adamlar tarapyndan Hudaýyň Sözi hökmünde aýdylýan sargytlar bilen çaknyşanlarynda näçe adamlar Injilden ýüz öwürýärler? Her niçik hem bolsa bu aýdylmalar ýalandyrlar we bu haçan bolup geçeninde-de, adamlar Injile bolan ynamlaryny ýitirýärler. How ene tarapyndan Hudaýyň Sözüni ýalňyş aýdylmagyny şol wagtlar parzlaryň ýazylmanlygy bilen düşündirse bolar. Emma bizde beýle aklanma ýok. Injili okanymyzda biz onda hakykatdan hem nämeleriň ýazylanlygyny we nämeleriň ýoklugyny gözümiz bilen aýdyň görýäris. Şol sebäpli hem Hudaýyň Sözüniň dogry ulanylmagynda biziň üstümizde ullakan jogapkärçilik ýatýar. Hudaýyň sözleriniň ilkinji gezek ýalňyş aýdylanlygyny ýadyňyza salyň — bütin adamzat dünýäsi günä galypdy! Şeýtan kitaby erbet hyýal bilen ulanýar Biziň ozal belleýşimiz ýaly, Isanyň çölde synalan ýagdaýynda iblis hem Ýazgydan parçalary getiripdi. Ýöne hakyky imanly bolmadyklaryň Ýazgydan parçalary getirip gürrüň berip başlanlarynda seresap boluň. Siz kime ynanmalydygyny nähili bilmegi diýip sorap bilersiňiz, çünki ençeme adamlar Ýazga goldanyp öz ugurlaryny aklaýarlar, şol bir wagtda bolsa dürli garaýyşlara sežde edýärler. Men imanlylaryň öz aralarynda alyp barýan hemme jedellerine düşünmegiňize kömek edip bilmerin. Ýöne biz anyk imansyzlaryň çeşmelerinden peýdalanýan adamlar bilen iş salşanymyzda, hatda olar Ýazgydan parçalary getirip başlasalar hem örän seresap bolmalydyrys. Resul Ýahýa şeýle diýipdi: «Eý söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň. Ruhlaryň Hudaýdandygyny bilmek üçin olary synap görüň, çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy. Hudaýyň Ruhuny şundan tanarsyňyz: Isa Mesihiň ten bilen gelendigini ykrar edýän her bir ruh Hudaýdandyr» (1 Ýahýa 4:1, 2). Eger-de onuň bu aýdanlaryny edil lakmus kagyzy ýaly edip hemişe ulansak, onda köp sanly düsünişmezliklerden we bulaşyklardan baş alyp çykyp bileris. Isa çölde Özüniň synalan wagty Hudaýyň Sözi bilen jogap berende, şeýtan Kitapdan ýene-de bir aýaty aýtmaga başlapdy. Emma ol agzyny açan badyna, eger onuň sözlerini Ýahýanyň aşdyşy ýaly edip barlasaň, ol öz-özüniň ýalňyşyny çykarypdy. Şeýtan Isanyň Hudaýdanlygyna şübhelenipdi: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolýan bolsaň» (Matta 4:3). Ilki başdan Isa Mesihiň diri Hudaýyň ýeke-täk Ogludygyny boýun almaýan, şol bir wagtyň özünde bolsa iman taglymatlaryny öwredýän adamlar babatda biz gaty seresap bolmalydyrys. Olaryň oňat bilimli we «ruhy» taýdan bilimli bolmagy, olaryň takwa görnüşli bolmagy wajyp däl — olar özleri muňa düşünmän, erbet güýjüň guraly we görkezijileri bolup bilerler. Şeýtanyň oklaryny yzyna gaýtarmak Iblisde hem ýarag bar. Netijeli göreşijiler bolmagymyz üçin, biz öz duşmanymyzy we onuň bize garşy ulanylýan ýaragyny hem bilmeli. Birinji nobatda, duşman bizi Hudaýyň Sözüne şübhelenmäge mejbur edýär. Birinji gezek ol bu ýaragyny Erem bagynda ulanypdy. Ol Hudaýyň dogruçyllygyna şübhelenýändigini görkezdi: «Dogrudanam, Hudaý size… diýdimi?» (Başlangyç 3:1). Eger ol biziň Hudaýyň Sözüne ynamyz bolan ýeke-täk ýaragymyzy ulanardan geçirmäge başaryp, onuň ynamdarlygyna bolan şübhäniň tohumyny sepip bilse, ol ägirt beýik artykmaçlyk alar, bizi ýaragsyzlandyrar we islendik imanly gahrymana hötde gelip biler. Iblis beýle ýörelgesini her bir adam babatynda ulanmaklyga synanyşýar. Ol bu emeli biziň bilşimiz ýaly, hatda Isanyň ýagdaýynda hem ulanypdy. Isanyň çölde kyrk günläp oraza tutanyndan we dogalaryndan soň ysgyndan gaçanlygyna düşünip, Onda Hudaýyň Sözüniň ynamdarlygyna şübhe döretmek üçin şeýtan Onuň ýanyna barmakçy boldy. Biziň ybadathanalarymyzdaky şu gün iň uly ýetmezçilik bolup, Hudaýyň Sözüni bilmek boýunça bilimleriň ýoklugy durýar. Biz özümiziň bilmeli zatlarymyzy bilmeýäris. Biz özümiziň Hudaýymyzy bilmeýäris. Isanyň ganynyň güýjüne aklymyzy ýetirmeýäris. Kitaby nähili edip gürrüň bermelidigini bilmeýäris. Ruhuň gylyjyny elimizde tutmagy başarmaýarys. Haçan Isa synalanda, Onuň her bir jogaby «ýazylan» diýen sözden başlanýardy, ondan soň Ol hiç bir ýalňyşsyz Hudaýyň Sözüni gaýtalaýardy. Biz edil şeýle hereket edýärismi? Her gezek Hudaýyň Sözüne daýanyp, iblise garşy duranymyzda, biz mümkin utulýandygymyzy ýadymyzda saklamaly. Iblisde adamlar bilen işlemekligiň müňýyllyk tejribeleri bar, jogaplary oýlap tapmagy üçin onuň wagty bar, soňra ol özüniň taýýarlap goýan jogaplarynyň kömegi bilen biziň islendik pikirimizi ýalana çykaryp biler. Ýeketäk netijeli we ýeňilmezek ýarag — bu Hudaýyň Sözüdir. Diňe şol bizi imanly gahrymanlar edip biler. Iblis, çyk güm bol we gaýdyp giräýme! Köp ýyl mundan ozal, 1966-njy ýylda men injilleşdirmek boýunça Bütindünýä kongressine gatnaşypdym, bu kongress müňlerçe wagyzçylary we hoş habarçylary ýygnapdy, olar adamzada Hoş Habary häzirki zaman usullarynda ýetirmegiň tejribesini paýlaşmak üçin Berlinde ýygnanypdy. Meniň bu kongress barada iň oňat ýadymda galan zat — bu Günorta Amerikaly wagyzçy Reýçel Seýntyň milli lybaslary geýnen üç sany Aukanyň ilkidurmuş indeýlerini sahna alyp çykan pursaty boldy. Olar öz tireleriniň arasynda ilatly ýerlerden arasy üzük we asyr boýy Ekwadorda iň ýetip bolunmaýan ýerde ýaşaýan tireleriň biri hasap edilýän jeňňellerde ýaşap, onuň içinde aman ýaşamaklary üçin göreşýän birinji imanlylardylar. Biri bu imanly indeýlerden Injilden özleriniň oňat görýän aýatlaryndan birini okap bermeklerini haýyş etdi. Hemmeler Injildäki Ýahýanyň hatyndan (3:16) bir aýatyny ýa-da halas bolmaklyga bagyşlanylan başga aýatlardan birini aýdarlar diýip garaşdylar, sebäbi Injiliň köp bölegi entek olaryň diline terjime edilmändi. Emma indeýler garaşylmadyk sowgady taýýarlapdyrlar. Olar biri-biriniň ýüzlerine seredişdiler, maslahatlaşdylar, soňra olaryň biri öňe çykdy we ýylgyrmak bilen: «Iblis, çyk güm bol we gaýdyp giräýme!» — diýdi. Muňa hemmeler gürrüldili el çarpyşdylar. Bolup geçýän zatlary syn edip otyrkam, kongresse ýygnanyşan we indeýleriň öňünde çykyş eden iň «höwesli» imanlylaryň köpüsini biziň wagyz etmäge çagyrylan iň aýgytly tarapy goýberdiler diýip oýlandym. Bu göreşýän indeýleriň görkezişleri ýaly, biziň durmuşymyzyň gidişini üýtgetmäge ukyby bolan iň güýçli tarapynyň biri boldy: Isa bu dünýä diňe Hudaýyň söýgüsini getirmek we bizi Atamyz bilen ýaraşdyrmak üçin gelmedi. Ol şeýle hem şulary aýtmak üçin geldi: «Iblis, çyk güm bol we gaýdyp giräýme!» Bu üç sany «ýönekeý» imanlylaryň kömegi bilen Hoş Habary ýaýratmak meselesiniň iň asyl manysyna ýetip bildik. Şondan bäri men özümiň iblis bilen tutluşyklarymda Injildäki Markusyň hatynyň (9:25) aýatlaryndan peýdalanyp gelýärin. Ýeňlişler ýeňişlere öwrüler Men hemişe Resul Pawlusyň sözlerini ýatlanymda, birazajyk ruhlanýaryn: «…çünki ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men muny ençeme gezek isledim, ýöne şeýtan bize päsgel berdi» (1 Selanikliler 2:18). Islendik uruşda iki tarapda hem ejir çekenler bolýarlar. Biziň bu uruşda ýeňýänleriň tarapynda bolýanlygymyza düşünýänligimize garamazdan, şulary boýun almak üçin dogruçyl we ýetişen bolmalydyrys: ýagny käwagtlar biz hem ýeňileris. Biz şeýle bir ýeňişe we üstünlige bil baglaýarys welin, özümiziň ýeňlenligimizi boýun alsak, Hudaýymyzy masgaralarys diýip oýlanýarys. Bu tassyklamadan başga hiç zat hakykatdan daş düşüp bilmez. Ahyrsoňy Ýygnagyň ýer ýüzündäki ýaşaýşy hem edil Isanyň bu dünýädäki ýaşaýşynyň haçda tamamlanyşy ýaly bolup gutarar. Biziň hapa dünýämiziň imanlylar tarapyndan ýeňiş bilen arassalanmagy hem bolmaz. Ýöne Isanyň haçda ýeňilen ýaly bolup görnüşi Onuň ýeňmegi bilen tamamlandy ahyryn. Biziňki hem şeýle. Biz hem edil Hudaýyň Özüne saýlap alan ugruny alyp, tutluşyga girmelidiris. Eger-de biz Hudaýyn iberýän paýhaslaryna düşünmek bilen öz ýalňyşlarymyzyň üstünde işlesek, onda Ol biziň ýeňlişlerimizi ýeňşe öwrer. Bir gezek biri şeýle diýipdir: «Meni öldürmedik zat meni has hem güýçli eder». Hudaý gaty öňünden seredýär, biz hem edil Onuňky ýaly seretmelidiris. Hatda şeýtan biziň durmuşymyzda her birimizi birnäçe gezek ýeňse-de, biz biraz ýetişenimizden soň, Hudaýyň erkine düşünmekligi ýitiren ýerimize gaýdyp baryp bileris ýa-da biziň oňa taýyn bolmadyk wagtymyz şeýtanyň üstümize çozan ýerine gaýdyp baryp bileris we Hudaýdan hemme zady täzeden başlamagyny haýyş etmelidiris. Beýtmek bilen, hiç hili çekinere zat ýokdur. Hudaý bizden günäsizlige garaşmaýar, «Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Mezmur 103:14). Biziň şowsuzlyklarymyz we ýeňlişlerimiz bize (we biziň yzymyza eýerýänlere) soňraky has ähmiýetli we köp manyly tutluşyklarda nähili edip ýeňmegi öwredýärler. Ýadyňyzda saklaň: iblis bilen birnäçe tutluşykda ýeňilýänem bolsak, biz söweşi ýenýäris. Ýeňlişler we şowsuzlyklar bizi ruhdan düşürmeli däldir we saklamaly däldir, sebäbi gutarnykly ýeňiş Mesihe we Onuň üsti bilen hem bize degişlidir. Garşy durmak — bu biziň pikir edişimizden hem uludyr Resulyň sözlerine laýyklykda, biz iblise garşy durmagy başarmaly, şeýle etmegi başarsak, ol bizden gaçyp gider (Ýakup 4:7). Bu ýörelge şeýle bir ap-aýdyň welin, ony şeýle çalt ýatlaryndan çykarýarlar. Bu hakykatdan hem nämäni aňladýar? «Garşy durmak» sözini dürli görnüşde düşündirýärler: söweş, çagyryş, jedel, tutluşyk, garşylyk görkezme, gaýtawul bermek, çozuş, garşy gürlemek, ýalana çykarmak, yzarlanmakdan sypyp gaçmak, meýilnamalary bozmak, meýilnamalara päsgel bermek, päsgelçilik, ýol bermezlik». Düşündiňizmi? Iblise garşy durmak, dine bir «höwese» ýok diýmek däl-de (ýogsa bu hem wajypdyr), ondan hem uly zatdyr. Bu Hudaýdan ýöne şeýtana käýinç bermegini haýyş etmek däl-de, ondan hem uludyr, ýöne bu hem köplenç göz öňünde tutulýandyr. Golgotanyň döwründen bäri, bize perişde Mikaýyldan hem köp hökümimiziň barlygyny biliň we ýadyňyzda saklaň (Ýahuda 9). Şeýlelik bilen, garşy durmak: «Iblis, çyk güm bol we gaýdyp giräýme!» — diýen sözlerden hem uly mana eýedir. Bu söz biziň termostat ýaly hereket edýänligimizi aňladýar: iblisiň basyşlaryndan boýun gaçyryp, biz ýagdaýy üýtgedýäris. Mukaddes Ruhdan ylham alan öz dogalarymyz we öz hereketlerimiz bilen, amatly ýagdaý dörän badyna duşmanyň üstüne topulmagymyzy dowam etdirýäris. Hudaýyň Sözüni gylyç kimin ulanyp we Hudaýyň hemme ýaraglaryny kabul edip, biz hakykaty ynamly tassyk edýäris. Haçan-da erbetlik bilen çaknyşanymyzda we erbetlige onuň islendik görnüşde ýüze çykmagyna garşy hereketlerimizi edenimizde, biz şeýle diýýäris: «Men muňa garşy!» Biz dogrulygy we hakykaty goldanymyzda bolsa: «Biz muňa razy!» — diýýäris. Başga sözler bilen aýdanyňda, biz öz dünýämiziň ýüzden bir bölegini hem göreşsiz iblise bermekden boýun gaçyrýarys, munda biz hemişe adamlaryň bize duşman däldiklerini ýadymyzda saklaýarys. Bir gezek imanlylaryň teleýaýlymynda söhbetdeşlik geçirilip durka, maňa şeýle sorag berildi: «Andreý, biziň iň uly duşmanymyz kimler — kommunistlermi ýa-da araplar?» Men şeýle jogap berdim: «Olar biziň duşmanymyz däl». Meniň bilen söhbetdeş bolup duran aýal geň galdy: «Onda biziň duşmanymyz kim?». «Iblis» — diýip jogap berdim. Bu ony öňküden hem geň galdyrdy öýdýän! Hatda biziň aramyzda öň hatarlarda duranlar hem bu wajyp hakykaty ýatlaryndan çykaryp bilerler. Pawlus garşy durmaklygyň resuly Gawanada men bir hassahana bardym, ol ýerde kabul ediş bölüminiň otagyndaky diwaryň ýüzüne kuba rewolýusiýasynyň gahrymany Çe Gewaranyň sözleri ýazylypdyr: «Eger-de şu rewolýusiýa adamlaryň durmuşyny üýtgetmegi maksat edinmeýän bolsa, onda ol meniň üçin gyzykly däl». Mesihde biz söýgä esaslanýan rewolýusiýalary geçirmeklige çagyrylýarys; Onuň yzyny eýermäge bize mertlik berýän rewolýusiýalary we dawalardan we garşy durmalardan gorkmaýan rewolýusiýalary geçirmeklige çagyrylýarys, sebäbi edil şunda hem mesihiçiligiň düýp manysy ýatyr. Bu mertligi Pawlusdan, ýagny garşy durmagyň resulyndan başga açyk gorkezip bilen ýok. Ol imanlylaryň çekilen ruhy urşy barada örän köp aýdýardy we hiç haçan erbetligiň güýji bilen tutluşyga girmekden gorkmaýardy. Şol bir wagtda hem ol söýginiň resulydy we güýçli duýguly adam bolupdy, «…çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» (Rimliler 5:5). Bu söýgüde Pawlus garşy durmaklyk üçin mertligi toplaýardy. Näme üçin resul Pawlus şeýle üstünlige eýe bolupdyr? Munuň köp sebäpleri bar, olaryň arasynda biri — bu onuň hereketjeň adam bolanlygydyr. Ol göreşiji we esger bolan. Iman edýänçä, ol hatda Isa garşy hem göreşipdi. Ynha, näme üçin Isa onuň bilen beýle gyzyklanypdy. Ol Pawlusyň Hudaýa garşy durýanlygyna düşünip we ony Injil üçin göreşijä öwürjegini bilýärdi. Pawlus imanlylaryň erbetligiň güýjüne garşy göreşmelidiklerini hemmelerden oňat bilýärdi, sebäbi bir wagt onuň özi hem o tarapda çykyş edipdi ahyryn. Bu şol kanuny fanat ýaly ýerine ýetiriji hökmünde çykyş edýän we Stefanusyň öldürilmegine itergi beren Pawlusdy. Stefanusyň ölümi imanlylaryň hemme ýerden kowulmagyna itergi boldy, «Munuň tersine, Saul öýden-öýe girip, ýygnaga ezýet berýärdi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salýardy» (Resullaryň işleri 8:3). Ýöne «…Saul Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salyp, baş ruhanynyň ýanyna bardy» (Resullaryň işleri 9:1) we Damaska tarap ýolda Isanyň sesini eşidip, Saul wepadar imanly Pawlusa öwrüldi. Ol ozal Hudaýyň hakykylygyna fanat dini däpleriniň ugrundan garşy duran, indi ol şeýtanyň galplygyna garşy göreşe galdy, ol özüniň ömrüni halas eden hakykaty ýarag edip aldy. Mertlik gerekdi, emma Pawlus özüniň duran ýeriniň esaslydygyna ynanýardy. Garşy durmaklygyň mertligi Mert adamlar köplenç özleriniň mertligine aňlaryny ýetirmeýärler. Gaýduwsyz hereketler olaryň ömürleriniň bir bölegi bolup durýar, beýle bolmasa olar sahnaçy bolardylar. Mertlik — bu siziň özüňiziň yglan edýän zadyňyz däl-de, başga adamlaryň sizde görýän hasiýetidir. Emma Pawlusyň mertligi nämä esaslanýardy? Isa. «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Korintoslylar 11:1). Görüň, bu nähili şaýatlyk! Bütin ömründe ol Isa ýakynlaşmak üçin jan çekdi, onuň ýüregi Hudaýyň söýgüsi bilen dos-doludy we bularyň hemmesi onuň başga halda başaryp bilmejek işlerine hötde gelmegine mümkinçilik berýärdi. Beýle gaýduwsyzlyk onuň häsiýetiniň aýrylmaz bir bölegi boldy. Eger-de siz hökümet tarapyndan gorkuzylmalara garamazdan, Demir perdäniň aňyrsyna geçip, adamlary halas etmäge girişersiňiz ýa-da başga görnüşde Hudaýa gulluk ederin diýäýseňiz, onda siz üýtgeşik bir zat edýärin diýip oýlamaň. Bu siziň dogabitdi mertligiňiz däl, bu Mukaddes Ruha eýermegiňiziň netijesinde ýüze çykýan bir güýç. Pawlus bilen hem şeýle bolupdy. Elbetde, Pawlus — hakyky erkek, esger we göreşiji. Ol imanlylary şeýle höwes bilen kowýardy, özüniň höwesinde ol Damaska imanlylaryň yzy bilen gidip, olary ýok etmeklige hem taýyndy. Ýöne Damaska barýan ýolda Pawlus Isa gabat gelip, Oňa öz ömrüni berende welin (Resullaryň işleri 9), onuň geçen hemme tejribesi we häsiýeti hem gerekli ugra tarap gönügipdi. Edil şuňa meňzeşlikde, Hudaý hem biziň öňki tejribelerimizi oňat işler üçin ulanýar we biziň ozal nähili dogruçyl bolmadygymyz Onuň üçin wajyp bolmaýar. Resullaryň işlerinde biz Pawlusyň baran ýerinde ýüze çykýan tolgunmalaryň barynyň onuň göwnüne ýaraýandygy bilýäris. Ol Hudaýyň Sözüniň işläp başlan pursatyndan ozaldan ýola goýlan zatlaryň tertibini üýtgedýändigini bilýärdi, munuň netijesinde bolsa gymmatlyklara täzeden garamaklyk başlanýar. Pawlus hem edil şuny isleýärdi. Özüniň gulluk etmeginiň iň başynda ol Damaska Hoş Habary ýaýratmak üçin gaýdyp bardy. Birnäçe wagtdan soň, ýahudylaryň ýolbaşçylary muňa gaharlandylar we ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Pawlusyň yzyna eýerijiler gijäniň içinde gizlinlikde ony sebede salyp, diwardan aşak düşürdiler (Resullaryň işleri 9:19–25). Pawlus gahar-gazaply märekeden gorkman hem durmady. Şol Pawlus Efesli ýaşulylara şeýle diýdi: «…üç ýyllap gije-gündiz gözýaş bilen siziň her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýatlaň» (Resullaryň işleri 20:31). Pikirlenip görüň: Täze Ähtiň in güýçli ärleriniň biri azaşan ýüreklere gynanyp aglaýar. Pawlus edil Isanyň Lazaryň guburynyň başynda adamlaryň ynanmazlygy sebäpli gözýaş döküşi ýaly, şol wagtlarda grek-rim dünýäsinde höküm süren butparazlaryň günälileri üçin gözýäş dökdi. Garşy durmaklygyň sebäbi Ýürek awamak bilen garyşan dogruçyl gazap — bu Pawlusyň ýagdaýyna düşünmekligiň açary. Gazaply bolmak kyn däl, köp adamlar gyzyl çyrada saklanmaly bolanlarynda gaharlanýarlar. Emma Pawlusyň gazaby söýgi zerarly ýüze çykypdy. Onuň rim ýygnagyna ýazan hatynda aýdan zatlaryny ýene bir gezek getireliň: «Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym bolan ysraýyllylar üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym» (Rimlilere 9:3). Ysraýyla mukaddes zyýaratçylar hökmünde gidýanlerimiziň arasynda şeýle sözleri aýtmaga het edip biljekleri barmyka? Eger biziň ýüreklerimizdäki gynançlarymyz, beýleki adamlary halas etmek üçin, özümiziň halas bolmagymyzdan boýun gaçyrmaklyga taýyn bolar ýaly lowlap ýanýan bolsadylar, onda Ysraýyl bir mahal üýtgäp giderdi… Edil bütin Ýygnak ýaly. Tussaglykda-da, erkinlikde-de Pawlus bir zady — Hudaýyň guraly bolmagy isleýärdi. Hatda ony Filipililerde türmä salanlarynda hem, ol Hudaýyň şöhratyna aýdym aýdypdy. Howpuň astynda ol nädip beýle güýçli bolup bildikä? Mümkin muňa jogaby biz Damask ýolunda taparys? Garşy durmaklyga hukuk Pawlus birinji gezek Isa bilen ýüzbe-ýüz duşanda, ol Hudaýdan özüniň näme etmelidigi barada sorady. Hudaý jogap berende, oňa köp ejirleriň garaşýanlygyny aýtdy. Başga sözler bilen aýdylanda, Hudaý Pawlusa edil näme iş etmelidigini aýtmady, ýöne onuň kim bolmalydygyny görkezdi. Köplenç biz Hudaý üçin bir zatlary etmeklige synanyşýarys, Onuň biziň nähili bolmagymyzy isleýşine görä görünmeklige synanyşmaýarys. Biziň garşy durmaklyk üçin tutanýerli häsiýetimiz bolmaly. Eger biziň kimdir biri bolasymyz gelýän bolsa, biziň diňe muny islemegimiz ýeterlikli bolmaz. Hudaý Pawlusa dünýäni üýtgetmek üçin gerek bolan güýje we höküme gaty gymmat bahany tölemelidigine düşünmegine mümkinçilik berdi we bu baha hem biziň Hudaýa gulak salmagymyzdyr we özümiziň häsiýetimizi üýtgetmäge mümkinçilik bermegimizdir. Resullaryň işleriniň 17-nji babynda Pawlusyň haýsy şähere barsa-da, her gezek ilki bilen sinagoga baranlygyny bilýäris. Ol ýerde ol Mukaddes Kitapdan Mesihiň ejir-jepa çekmelidiginiň, ölmelidiginiň we täzeden direlmelidiginiň şaýatlygyny aýdýardy — bularyň hemmesi ýewreýleriň garaşýan zatlaryna gabat gelenokdy. Pawlus ýahudylar bilen gapma-garşylyga gidýärdi, sebäbi ol Mesihiň jebir-jepalary barada ýazylan Mukaddes Kitabyň pygamberlikleriniň kömegi bilen Isanyň ýewreý halkynyň garaşyp ýören Mesihidigini subut edýärdi. Pawlus garşy durmaga bolan hukugy iň wajyp zatdan başlanlygy bilen gazandy — ol Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşylýanlygy barada aýdýardy. Ol öz halkyna tanyş bolan şol Ýazgyny ulanýardy. Ondan başga-da, ol özüni milleti bilen deňeşdirýärdi. Ol ýewreýdi, ol Mukaddes Kitaby öwrenýärdi we kanuny saklaýardy. Ol eşidilmäge bolan hukugyny gazanypdy. Garşy durmagyň yzlary Emma Pawlusyň we onuň bilen bile Hoş Habary ýaýradyjylaryň şäherde peýda bolmagy köplenç ýaşaýjylaryň arasynda diňe bir tolgunmalary ýüze çykarman, eýsem galagoplygy hem ýüze çykarýardy. Pawlus şäher hökümetinden özüne hormatly garaýyşy ýa-da dabaraly garşy alynmagyny talap etmeýärdi. Ol bir zady haýyş edýärdi — özi bilen getiren Injiliň habarynyň diňlenilmegini haýyş edýärdi. Muňa jogap bolup köplenç gahar-gazap bolýardy. Dünýäde tertipsizligiň höküm edýänligi hemmelere aýdyňdy (edil şu wagtdaky ýaly). Hudaý hemme zady Isa Mesihiň üsti bilen düzetjek boldy. Emma rimlileri hemmelerden beter ýigrenýän ýahudylaryň ýolbaşçylary birden bularyň tarapyna geçdiler we Pawlusyň kaýsary däl-de, başga birini ýewreýleriň patyşasy diýip yglan etmekçi bolýanlygyna arz edip başladylar ahyry! Bu gaty howply ýazyklanmady, emma aňyrsyna seredende bolsa, esaslandyrylan ýazyklanmady. Pawlus adamlara kaýsaryň öwredýän, Hudaýyn sargytlaryna garşy bolan zatlara tabyn bolmazlygyny öwredýärdi. Ýogsa ýahudylaryň özleri hem şol bir zatlary edýärdiler, olar Isa Mesihiň Injiline garşy durmak üçin birden özleriniň ýigrenýänleri bilen birleşýärdiler. Biz bularyň häzirki wagtda hem bolup geçýänini görýäris. Biz hemişe radikal mesihiçiligi wagyz edýäris, çünki diňe ol adamlaryň durmuşyny üýtgetmäge ukyply, ýöne onda Hudaýyň kanunyny saklaýjylar bolan bizi kanunyň bozulmagynda aýyplaýarlar. Jedelli meseleleriň biri bolup, abort meselesi durýar, başga wagt — mekdeplerde doga okamaga rugsat etmek, ýöne her niçik bolsa-da, bizi aýyplamak üçin hemişe bahana tapylar. Edil Isanyň yzyna eýerip we Onuň parzlaryny ýerine ýetirmäge taýyn bolşuňyz ýaly, siz hökman garşydaşlar bilen hem çaknyşarsyňyz. Emma sorag şuňa jemlenýär: Isa Mesih — hudaýmy ýa-da ýok? Pawlus Isa Patyşa we Hudaý diýdi, eger şeýle bolsa, Onuň hökümdar bolmagy biziň durmuşymyzyň hemme tarapynda, ýagny fiziki, akyl, ruhy, duýgy, maliýe we başgalarda ýüze çykmaly. Onda Isa garşy durýanlar tarapyndan ýigrenilseler we aýyplanýan bolsalar — bu ullakan bagtdyr. Gynansak-da, käwagtlar özümizde ylalaşyklara ýol bermeklik häsiýetimizi ýüze çykarýarys. Biziň hatda özümiziň Hudaýymyzy ýigrenýänleriň arasynda hem meşhurlyga eýe bolasymyz gelýär. Biz geçirimlilik edýäris we saglar we çepler bilen, hatda olar biziň Hudaýymyzy aýyplasalar-da, ýaraşmaga taýyn bolýarys. Emma beýle etmeli däl. Olaryň bize bolan ýigrençleri — bu biziň Isanyň yzyna eýerip, dogry ýolda duranlygymyzyň şaýatlygydyr. Garşy durmagyň netijeleri Leningradly baptist Aida Skripnikowa bilen bolup geçen waka meniň eşiden wakalarymdan iň ýüregiňi eýmendirijileriň biri bolup durýar. Aida Hudaýyň ýanyna 17 ýaşyndaka gelýär we şondan soň basym onuň hökümet bilen arasy bozulýar. Ony yzly-yzyna milisiýa çagyrýardylar we sorag geçirýärdiler, mümkinçilikleriň döredigi saýyn, ol Isa barada şaýatlyk etmegini mertlerçe dowam etdirýärdi. Şäheriň esasy köçesinde, diniň we ateizmiň muzeýiniň öňünde ol Injil edebiýatlaryny paýlaýardy, şol sebäpli ony tussag etdiler. Emma ol öz imany üçin hemme synaglardan geçmäge taýyndy. Ol göz öňüne getirip bolmajak agyr şertlerde üç ýyllap türmede oturdy. Gizlinlikde ol hat ýazypdy, ony erkinlikdäkilere beripdiler. Hatyň içinde şeýle setirler bardy: «Maňa köp gezek sen Hudaýa ynanyp bilersiň diýdiler, ýöne men munda özümi bu barada hiç kim bilmez ýaly edip alyp barmalydym. Maňa eger bu şerti ýerine ýetirsem, azatlyga çykarsyň diýip wada berýärdiler. Iblis meniň gulagyma çawuş çakyp ugrady: „Hudaýdan ýüz dönderme, ýöne Onuň sargytlaryny ýerine ýetirme, wessalam“». Men bu haty okanymda, türmelerde we konsentrasion lagerlerde oturan müňlerçe adamlary göz öňüme getirdim. Olar Isa Mesihiň Hudaýdygyny mertlik bilen yglan edip, imanlary üçin öz işlerinde synagdan geçdiler. Aida bilen iki sany baptist ýaşulylar hem tussag edilipdiler. Olaryň birine, sen Injile laýyk ýerde däl-de, gökde ýaşap bilersiň diýip düşündirdiler. Muňa jogap edip ol şeýle diýipdir: «Eger men ýerde Injile görä ýaşamasam, onda hiç haçan göge düşmerin». Men onuň bu jogaby bermek bilen Injiliň manysyna degenligine düşündim. Takwalyk bilen garşy durmaklygyň netijesi bolup, hemişe Isa Mesih hakynda düşnükli şaýatlyk durýandyr. Örän köp imanlylar Injiliň hatlaryny bölüp we öz gazançlarynyň on göterimini Hudaýa bermegi öz borçlary hasap edip, öz islegleri boýunça ýaşap bileris diýip oýlanýarlar. Mümkin, olar Hudaýyň merhemeti we emri bilen göge hem düşüp bilerler. Emma olar öz ömürlerini biderek geçirerler we Hudaýyň bizden isleýşi hiç haçan söýginiň rewolýusionerleri bolup bilmezler. Pawlus beýle däldi. Ol Damaska barýan tozanly ýolda ýatyp, gözleri Hudaýyň gözlerini gamaşdyryjy şöhratynyň nuruna garap, şeýle sorady: «Hudaý! Sen maňa näme etmegi höküm edersiň?» Isa onuň Hudaýyň hatyrasy üçin jebir çekmeli boljagyny aýtdy, ýöne Ol şeýle hem duşmanyň çozuşlaryna hötde gelip bilmegi üçin oňa gerekli güýç hem berdi. Hakyky şatlyk — hususy özüm üçin nähili gymmatly bolýandygyna garamazdan, iblise garşy durmak we ony ýeňmekdir. Ýeňilmegiň bahasy Pawlus garşy durmakdaky ýeňliş üçin, garşy durmagyň bahasyndan hem köp haklaşmaly boljakdygyna düşünýärdi. Dawut bilen Golýatyň başdan geçirenleri ýadyňyzdamy? Peliştler Hudaýyň milletiniň çägine aralaşdylar, emma ysraýyllylar bolsa olar bilen söweşmäge taýyn däldiler. Ysraýylda ýarag ýokdy, sebäbi peliştler ony taýynlamagy gadagan edipdiler. Ýöne iş bu ýerde diňe kemsidilmede hem däl. Bu ýagdaý edil şu günler bolup geçýän wakalara hem meňzeş, ateistik hökümetler Hudaýyň milletine näçe sany Injilimiziň bolmalydygyny buýurýarlar. Näme, biz indi öz duşmanymyza işlerimizi bes etdirmegine rugsat berip, Ýygnagyň bütin dünýäni eýelemäge mümkinçilik bermerismi? Ýa-da biz Isanyň erkine gulak salyp, «hemme millete öwrederis» (Matta 28:19). Men syýasy rewolýusionerleriň işleri barada okanymda, öz-özüme sorag berýärin: Ýygnagyň öz duşmanlaryny ýeňmek isleginde biz bu rewolýusionerler bilen deňleşip bilermikäk? Kommunistler öz partiýalaryna bermeli «onlugyny» bermek barada pikirlenmeýärler. Eger olar partiýanyň işi üçin öz girdejisinden segsen göterimini bermese, olar partiýanyň agzasy bolmagyny öz-özlerinden bes ederler. Olar nika barada, dostluk barada pikirlenmeýärler, sebäbi olar öz ömürlerini erkinlik we meýletinlik bilen rewolýusiýanyň işlerine bagyş edýärler. Ýöne näçe sany imanly dynç günündäki agşamky telewizion gepleşiklerini Injiliň peýdasyna görmekden boýun gaçyrarka? Biziň ýeňilmegimizde kim günäkär? Haçan-da Golýat Hudaýyň öz milletine beren ýerinde durup, ysraýyllylaryň goşunyny kemsiden wagty, ol aslyýetinde Ysraýylyň Hudaýy babatynda özüniň doly ýigrenjini ýüze çykarýardy. Pawlus Işaýa pygamberiň Kitabyndan bir bölegi aýdýar: «çünki ýazylyşy ýaly milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär» (Rimlilere 2:24). Biz özümizi şeýle alyp barsak, onda imanlylar adyny götermäge mynasyp bolýan däldiris, biz özümizi alyp barşymyz üçin jogapkärçilikden gaçmak üçin sypjak bolup bileris, emma islendik ýagdaýda-da, hemme ýazgarmalar we hemme üstünden gülünmeler biziň Hudaýymyza gönükdirilerler. Golýat edil şeýtan ýaly, özüniň islendiik hemme ýüzlenmelerini galp sözlerden başlaýardy. «Siz näme üçin söweş etmäge çykdyňyz?» — diýip, ol ysraýyllylara gygyrýardy. Ol peliştleriň aralaşan ysraýyllylaryň ýerinde durdy. Ysraýyllylar diňe özlerine hakykatdan hem degişli bolan zatlaryň gaýtarylyp berilmegini talap edýärdiler, emma Golýat özüni, hamala diýersiň Ysraýyl onuň çägine giren ýaly edip alyp barýardy. Her gezek biz imanlylar hökmünde özümizi goranymyzda, duşman garşylyk görkezjek bolýar, ýagny oňa garşy adalatsyz çykyş edýäris diýen manyda. Biz diňe Hudaýyň özümize beren hukuklaryny talap edýäris ahyryn: Injilli bolmagymyzy, çagalara mesihiçilik bilimleriniň we terbiýesiniň berilmegini, entek dogulmadyk çagalara ýaşamak üçin puryja berilmegini talap edýäris. Biz duşmanymyzyň nämede aýyplaýanlygyna garamazdan, öz ýörelgelerimizde berk durmalydyrys. KÄMIL GAHRYMAN Isa: kämil gahryman Meniň size bir iňlis wagyzçysy we onuň ogly baradaky wakany gürrün beresim gelýär. Bu hakyky bolup geçen waka we onuň manysy şeýle. Her dynç güni ir säher bilen bu wagyzçy öz ogly bilen özüniň kiçijik ybadathanasyna barardylar. Hatda jaýyň içinde ýekeje adam oturan bolsa-da, ol Hudaýa gullugy geçirýärdi. Gapynyň agzynda sadakalar üçin goýlan guty durdy we kakasy ybadathana girende, ol guta köpük taşlaýardy. Ýöne ondan başga hiç kim ybadathana üçin sadaka pul bermeýärdi. Gullukdan soň kakasy öz taşlan köpüklerini gutudan yzyna alardy. Bir gezek oglanjygyň kellesine bir pikir geldi. «Kaka, — diýdi ol, — eger sen guta köpräk köpük taşlasaň, yzyna hem köpräk alarsyňmy?» «Hakykatdan hem şeýle, — diýip kakasy jogap berdi, — ýöne bu ýeňil düşmez». Bize hakykatdan hem öz işlerimize köpräk ynamy goýmaklyk ýeňil düşmeýär. Mümkin biz öz borjumyzy yhlas bilen ýerine ýetirýändiris, ýöne töwekgellik edesimiz we güýjümizden artyk işlemek isleýän däldiris. Mümkin, biz öz ömrümizi tanyş mukaddes kitap gahrymanyň ýa-da häzirki zaman mesihi öňdebaryjylarynyň keşbi boýunça guraýandyrys. Biz olara öýkünjek bolýandyrys we bu gowy zatdyr. Pawlus resulyň aýdan zatlaryny ýene bir gezek ýadymyza salalyň: biz oňa Mesihe öýkünişi ýaly öýkünmeli. Ýöne bir zady belläliň, bu ýerde gürrüň biziň Pawlusa öýkünmegimizde däldir. Resul bize kämil nusgany — Isa Mesihi görkezýär. Biziň öňümizden gidip barýanlar bize Mesihiň yzyna eýermegimiz üçin kömek berip bilerler, ýöne biz mundan hem daşa gitmäge ymtylmaly. Biziň baş imanly gahrymanymyz Isa Mesih bolmalydyr. Biz Onuň yzyna eýermeli, öýkünmeli we Oňa tabyn bolmaly. Biz Ony ýüregimiz bilen, bütin aň-paýhasymyz bilen we özümiziň bar güýjümiz bilen söýmelidiris. Biziň eýe bolan ýa-da eýe boljak bar zatlarymyz, biziň özümiziň bolşumyz we haçan hem boljagymyzyň bary Oňa degişli bolmalydyr. Bizi Köne we Täze Ähtleriň tanyşdyrýan hemme gahrymanlardan, irki Ýygnagyň taryhyndan başlap, şu günki güne çenli, Isanyň Özünden beýik hiç kim ýokdur. Şonuň bilen birlikde, imanly gahrymançylyk — bu ähli zatda Mesihe meňzemekden başga zat däldir. Markusyň Hoş Habarynyň birinji babynda bize Isa meňzeş bolmagyň nämäni aňladýanlygyna düşünmegimiz üçin wajyp açarlar teklip edilýär. Häsiýetiň üýtgemegi Markus öz Hoş Habarynda Isanyň ir bilen turup, doga okamaga gidenligi barada gürrüň berýär, «Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler. Ony tapanlarynda: „Her kes Seni gözläp ýör“ diýdiler» (Markus 1:36, 37). Sizi kimdir biri gözledimi? Sizi tapmak üçin kimdir bir uzak ýollary sökdümi? Sizi diňe adamlaryň wezipä bellänligi sebäpli ýygnagyň ýolbaşçysy ýa-da ýaşulysy bolup bolmaz. Haçan-da adamlar öz kynçylyklary bilen siziň ýanyňyza gelenlerinde, siz ýaşuly bolup bilersiňiz. Diňe siziň özüňiziň hususy gullugyňyz başlanandan soňra, sizi bellemek resmi taýdan tassyklanylmaly, bu edil şeýle hem bolup geçmeli. Muňa bellemek sizi ýolbaşçy edip bilmeýär. Hudaýyň söýgüsine beýleki mätäçlik çekýänlere ýaşuly ýa-da geňeşdar, uly dogan ýa-da uýa bolmagy siziň hususy durmuşyňyz, siziň häsiýetiňiz we özüňiziň ruhy zehinleriňizden nähili peýdalanyşyňyz görkezer. Isa Lazary ölümden direldip, Özüniň gudratyny görkezdi (Ýahýa 11). Injiliň indiki babynda biz Lazary görmäge gelen halk barada okaýarys we Kitapda şeýle ýazylýar: «Baş ruhanylar Lazary-da öldürmegi maslahatlaşypdylar. Çünki ol sebäpli köp ýehudylar Isa iman edýärdiler» (Ýahýa 12:10, 11). Haçan-da Hudaý biziň üstümiz bilen beýik işleri amala aşyryp başlanda, biziň töweregimizdäki adamlaryň gitdigiçe köp sanlysy Oňa ynanyp başlaýarlar. Beýle güýjüň gelip çykmagy — bu biziň üýtgän häsiýetimizdir. Hudaýyň güýji — bu şahsy häsiýetli hadysadyr, ol Isa Mesihiň yzyna göni eýermegiň netijesinde ýüze çykýar. Maksada okgunlylyk Şägirtleri Isanyň doga etmek üçin boşluk ýere baran wagty tapanlarynda, Ol olara şeýle diýdi: «Başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň. Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki şonuň üçin geldim. Şeýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi» (Markus 1:38, 39). Isa hemişe anyk maksat bilen hereket edýärdi. Ol hemişe näme etmelidigini bilýärdi. Biz hem anyk maksat bilen iberilenligimizi bilsek, edil şol bada ähmiýetli netijeleri göreris. Isa tutuş Jelile boýunça hemme sinagogalarda bolup gördi, ybadat edýärdi we jynlary kowýardy. Wagyz etmek — hemişe Hoş Habary okgunly ýaýratmakdyr. Şu günler biz ullakan ybadathanalary gurýarys we adamlaryň özleriniň biziň ýanymyza gelmeklerine garaşýarys. Emma bu Hoş Habaryň Täze Ähtdäki usuly däldir. Balykçy toruna balyk düşer ýaly, tory bilen derýa çykmaly bolýar. Eger siz kenarda gül ýaly tory goýup, kenaryň ýakasynda şadyhorram bolup, haçan balyk düşerkä diýip garaşyp dursaňyz, siz hiç zat almarsyňyz. Siziň özüňiz balygyň ýanyna barmalysyňyz. Ejir çekmegi öwrenmek Bir gezek Isa adamlaryň arasynda barýarka, Onuň «…ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: „Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň“ diýip, Oňa ýalbardy. Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: „Isleýärin, tämiz bol!“ diýip, oňa elini degirdi» (Markus 1:40, 41). Siz biri üçin gynanmaklygyň nämedigini bilýärsiňizmi? Biriniň ejirine gynanmak — bu beýleki adamynyň yzasyna bildirýän söýgi duýgusydyr. Biz yza çekýänleri söýmegi öwrenmeli. Isanyň töweregini berk halka bilen gurşap alan mähelläniň arasyndan Ol hemişe heýwere kesellileri we jyn-arwahlaryň toruna düşen näsaglary tanaýardy. Ol indi hem hemme kesellileri, ejir çekýänleri, mätäçlik çekýänleri ýa-da gorkanlary görýär. Ýöne heýwere keselli näsagyň golaýyna barmaga Isany näme mejbur etdikä? Ony jyn-arwahlary kowmaga näme mejbur etdikä? Onda ýaşaýan Hudaýyň söýgüsi. Isa barada şeýle diýilýär: «Çünki Hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr» (Koloselilere 2:9). Isa durşy bilen Hudaýyň barlygyndan doldurylandy welin, Ol erbetligi we ejir çekmegi ýöne ýigrenýärdi. Emma Isada biziň her birimizde bar zatlardan başga üýtgeşik hiç zady ýokdy. Biz hem Ruha dolulugyna eýe bolup bileris. Bizde hem Hudaýyň söýgüsi bolup biler, ol söýgi bizden beýlekilere geçýär we bize üýtgeşik ukyplary berýär. Dogrulygyň lybasyna girmek Haçan-da Pawlus mezmurçynyň sözlerini getireninde, ol bize Isanyň hasiýetini hem görkezýär: «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý — Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryndan artyk mesh etdi» (Ýewreýlere 1:9). Isa diňe bir günäni däl, eýsem günäleriň netijelerini hem ýigrenýärdi. Biz günäni hemişe seljerip we anyklap bilmeýäris, ýöne onuň netijesini görüp bileris. Ine olar: aýrylyşan ene-atalarynyň arasynda elenýän çagalary; biri-birlerine barmaklaryny çommaldýan we öz doganlarynyň üstüne ýumruklary bilen topulmaga taýýar imanlylaryň ýolbaşçylary; neşe we arak sebäpli adamlaryň dargaýan durmuşlary; howanyň hapalanmagy; haýwanlaryň ýok edilmegi; iň bir ýönekeý adam hukuklaryndan mahrum edilen adamlaryň toparlary; söweşmekligi hemme zatdan oňat görýän pis niýetli milletleri; bütin dünýä boýunça yzarlanylýan ýygnaklary. Emma dogrulyk diňe bir görünmeýär-de, eýse ol hereket edýär. Jyn-arwahlar adamlary heläk edýärler — Isa ýesirleri şeýtanyň gulçulygyndaky tümlükden çykarmak üçin olaryň ýanyna gelýär. Keseller mejaldan düşürýärler — Ol gutulyş bermek üçin gelýär. Ol günä babatynda näme etdi? Injili berdi. Ölüm howpy abanýarmy? Ol ömür berýär. Dawa-jenjelmi? Ol ýaraşmagyň ýoluny görkezdi. Adalatsyzlyk we bikanynçylykmy? Ol Hudaýyň kanunlaryny getirdi. Bularyň hemmesi edil Isanyň edişi ýaly şu gün teklip etmeli çözgütlerimizdir. Imanlylar hökmünde biz ejir çekýän ýygnaklar barada aýratyn aladalanmaly. Biz ýerdäki hökümetleriň olar üçin hakyky goragyny üpjün edýänçä garaşyp oturmaly däl. Ýadyňyzdamy, biz ruhy urşuň hut merkezinde durus ahyryn. Ýekeje hökümet hem kynçylyklaryň hakykatdan hem çözülmegini teklip edip bilmeýär. Bu biziň wezipämiz we ony ýerine ýetirmegimiz üçin biz hemme gerekli zatlar bilen üpjün edilendiris. Biz erbetligiň güýçlerine adamlary esasy hukuklaryndan mahrum etmeklerini gadagan etmeli. Her bir adamyň Isanyň kimligi barada eşitmäge hukugy bar, Hudaýa tagzym etmäge, Injiliniň bolmagyna, Injil hakykatlaryna ynanmaga, Mesihe ybadat etmäge we Hudaýyň Sözüne laýyklykda ýaşamaga hukugy bardyr. Dogry wagt we wepaly adamlar Injiliň her bir sahypasy biziň uruş şertlerinde ýaşaýanlygymyz barada aýdyň aýdýar. Hudaýyň Özi Başlangyç Kitabynda iblise garşy mukaddes urşy yglan edýär. Elbetde, Hudaýyň gökde ýazyp goýan meýilnamasyny bozjak bolup, iblis garşylyk görkezýär. Ýaradylan gününden, Mesihiň gaýdyp geljegine çenli islendik erbetlik Isanyň Beýtullahamda dünýä gelmezligine garşy gönükdirilendir. Muňa jogap hökmünde Hudaý men we siz ýaly adamlary iblisiň meýilnamasyny bozmak üçin, hatda goý hususy pida çekilse-de, imanly gahryman bolmaklyga çagyrdy. Köne Ähtiň gahrymanlary öz işlerini bitirdiler we Isa dünýä geldi — Ol entek dünýä döredilmezinden hem ozal bellenilen Guzudy. Hudaý günä meseleleriniň çözülmelerini göz öňünde tutupdy, Oňa bar gerek zat — bu Özüniň meýilnamasyny amala aşyrmak üçin we Öz maksadyna ýetmek üçin dogty wagt we wepaly adamlardy. Biz hem öz nobatymyzda we öz wagtymyzda Hudaýyň maksatlaryna wepaly bolup bilerismi? Uruşda ýeňiş garşydaşlaryň haýsy hem bolsa biri tarapyndan onuň dogrulygy sebäpli gazanylmaýar. Adatça kim yzynda durup bilmese, şol hem ýeňilýär. Ýeňişler gaty gymmat düşýärler. Biz Injiliň hakykatyny, hatda bu harçaňlaşmany aňlatsa hem yglan etmäge taýýarmy? Dünýäde Isa Mesihiň Injiliniň abraýyny görmek üçin hemme bahasyny dolulygyna bermäge taýýarmy? Hakyky imanly gahrymanlar bolmak üçin, biz öz-özümizden Isanyň hakykatdan hem adamlary üýtgedip bilýänine ynanýarysmy diýip soramaly. Isa bilen her duşuşyk adamlary üýtgedýärdi: gowşaklar güýçli bolýardylar, keselliler sagalýardylar, çekinjeňler alçak bolýardylar, ýesirler azatlyga çykýardylar, şübhelenýänler we özlerine ynamlary bolmadyklar bolsa bitewileýin şahsyýetler bolýardylar. Biz munuň hakykatdygyna ynanýarysmy? Biz Injiliň bu ugrunda gyşarnyksyz durusmy? Eger ýok bolsa, onda biz imanly gahrymanlar bolup bilmeris. Dünýä mätäçlik çekýän zadyny alar Azatlyk — Mukaddes Kitapdan esasyny alýan nusgadyr we Hudaýa tagzym etmek azatlygy — ayratyn, Hudaý tarapyn berlen hukukdyr. Ýöne men Mukaddes Kitapda haýsydyr bir anyk syýasy ýa-da ykdysady artykmaçlyk barada aýdylýar diýip oýlamaýaryn we imanlylaryň birinji nobatda haýsydyr bir syýasy ýa-da ykdysady ulgama — kapitalizme, kommunistik, kolonial ýa-da monarhiýa ulgamyna tarap ýa-da olara garşy işlemelidirler diýip aýdylýar diýip oýlanmaýaryn. Dünýä muňa asla mätäçlik çekenok. Hakykatdan-da, eger wagyzçylara Hoş Habary ýaýratmak üçin doly erkinlik berlen wagtyndakydan hem ýygnak çalt ösýän bolsa, onda maňa Hytaýda ýa-da Russiýada ýygnaklary yzarlaýan ulgamyna garşy durmagyň näme geregi bar? Biz ýerdäki hökümetiň haýsydyr bir görnüşine garşy göreşmeli däl-de, Hudaýyň Patyşalygynyň döwrüniň gelip ýetmegine hemaýat bermeli. Eger men Isanyň we Onuň dogrulygynyň tarapynda bolsam, onda mende erbetlik bilen hökman dawa-jenjel bolar. Men islendik erbetlige garşy bolaryn we mätäçlik çekýänler bilen Injili paýlaşmak üçin islendik araçäkleri ýeňip geçerin. Emma beýle dünýä garaýyş «adalatlylyk» üçin syýasy göreşiň tarapdarynyň ugrundan tapawutlanýar. Dawalar syýasy maksatnama zerarly däl-de, Injil sebäpli ýüze çykýarlar. Käbirleri bir ýurtda Injili ýaýratmak gadagan diýýärler, beýleki ýurtda bolsa çagalara Isa hakynda aýtmak gadagan diýýärler. Bu biderek zat. Sizi Petrus, Pawlus we Isa ýaly tussag edip bilerler, ýöne eger sizde isleg bolsa, onda nähili ýollar bilen bolsa-da, Hoş Habary ýaýratmagyň ugruny taparsyňyz. Asyrlar boýy yzarlanmalary, kowulmalary başyndan geçiren bu imanly gahrymanlarymyzy hiç hili hopwlar dymmaklyga mejbur edip bilmediler. Hoş Habar hemmelere ýeter Arada, Aziýadaky «Açyk gapylar» guramasynyň habarçysy Ron Makmillan Hytaýyň hökümetiniň ýygnaga gözegçiligi has berkitmeginiň mümkindigi baradaky habary aýtdy. Hytaýyň döwlet howpsuzlygy edaralary, meselem, meşhur hoş habarçynyň ýurduň merkezi bölegindäki iki sany täze ynanan hytaýlylara ýazan hatyny aldylar. Hatda täze ynananlara maslahatlar ýazylypdyr we Injilden bir parça ýazylypdyr, onda şeýle diýilýärdi: «Hudaý dogruçyldyr, merhemetlidir we söýgi bilen doludyr». Täze ynanan adamlary tussag etdiler we sekiz sagadyň dowamynda olary soragdan geçirdiler, soň bolsa bäş sany bentden duran gadagan edilmeleriň sanawyny berdiler. Bu gadagan edilmeler olaryň dini işjeňligini örän çäklendirýärdiler. Olara rugsat edilmeýän zatlar şulardy: 1) Mesih barada şaýatlyk etmek — bu hukuk Hytaýda diňe Üçbirlik watançylyk hereketinde hasaba alnan ruhy çopanlarda bardy; 2) adamlary suwa çündürmeklik — tä Üçbirlik hereketiniň ýerli ruhanysyndan rugsat alynýanyna çenli; 3) öý ýygnaklaryna gulluga barmak; 4) mesihi radiogepleşiklerini diňlemek; 5) daşary ýurtlardan getirilen Injilleri we mesihi edebiýatyny almak. Hökümet bu permanyň bozulan halatynda agyr netijeleriň boljakdygyny duýdurdy we munuň diňe bir hereket etmäge gollanma däl-de, bu «ýurduň gyşarnyksyz boýun egmeli kanunydygyny» hem belledi. Bu wakadan birnäçe aý ozal Hytaýyň demirgazyk sebitindäki iň uly «Isanyň maşgalasy» imanlylar toparyndan alty sany adam hökümet tarapyndan tussag edildi. Olaryň bir-birleri bilen gürleşmeklerini bes etdirmäge mejbur etmek üçin ýasawullar olary daňdylar we rehimsizlik bilen ýençdiler. Emma hemme yzarlanylmalara garamazdan, Hytaýdaky ýygnak geň galdyryjy çaltlyk bilen ösýär. 1949-njy ýylda Hytaýda hökümetiň başyna kommunistler geçdiler, şol wagtlar ýüz ýylky wagyzçylyk tagallaryndan soň baryýogy segsen müň sany protestant imanlylar bardylar. Häzirki wagtda köp sanly synçylaryň maglumatlaryna görä, mesihileriň sany elli milliondan hem köp. Isanyň heýwere keselli näsagy sagaldanyndan soň bolup geçen zatlar Hoş Habary hiç bir zadyň saklap bilmejekdigini görkezýär. Hatda Isanyň özüniň hem bu habaryň ýaýradylmagyny saklajak bolup synanyşan wagty-da, Ol muny başarmady. «Isa oňa berk tabşyryk berip, ony derrew ugradyp: «Seret hiç kime aýtma, ýöne bar, özüňi ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyran gurbanlygyny bagş et» diýdi. Emma ol adam çykdy, köp gürrüň berip, bolan zatlary ýaýratmaga başlady, şonuň üçin Isa hiç bir şähere aç-açan girip bilmän, daşarda çola ýerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onuň ýanyna çozýardy» (Markus 1:43–45). Öz durmuşlarynda hakykatdan hem Mesihe meňzejek bolýanlar, elbetde, ýer ýüzünde iň özüne çekiji adamlardyrlar. Biz Kime öýkünjek bolýan bolsak, Ol dürli ýaşlardaky adamlary, jemgyýetiň dürli gatlaklaryndaky adamlary özüne çekýändir. Isa wagtyny çagalar we ulular bilen geçirerdi. Ol imanyň iň kämil gahrymanydyr. Isa Atasynyň ýanyna gaýdyp baranda, Ol Öz şagirtlerine, ýagny häzirki we gelejekki şägirtlerine Özüniň adamlara getiren gutulyşyna wagyz etmegi we Özüniň Mukaddes Ruhuň gudraty bilen başlan zähmetini dowam etdirmegi tabşyrdy. Haçan-da biz Onuň yzyna wepaly eýermegiň gutarnykly kararyna gelenimizde, Onuň ýaşaýşy ýaly ýaşamagyň, Onuň söýgüsi bilen söýmegiň, Onuň eden işleri ýaly işleri amala aşyrmagyň kararyna gelenimizde, onda biziň durmuşymyzda edil Onuň durmuşynda bolup geçen üýtgeşiklikler başlanarlar: her gün, her sagat we her minutda. Nädip siz imanly gahryman bolup bilersiňiz Siz «jyhadyň» nämedigini bilýärsiňizmi? Bu düşünjäni Gurhanda tapmak bolar we edil jyhat bilen hem eýranly Aýatolla Homeýni Eýran bilen goňşy döwletler bolan Yraga we beýleki arap döwletlerine bardy. Köp arap ýurtlary jyhat bilen Ysraýyla gelmegi isleýärler. Jyhat — bu «ruhy uruş», hemme güýçleri we serişdeleri jemleýän uruş. Emma gyzykly ýeri — bu jyhady Hudaýyň Özüniň yglan edendigidir. Başlangyç kitabynda (3:15) Ol şeýtana şeýle diýdi: «Men seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna duşmançylyk salaryn. Onuň nesli seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň». Hudaý Özüniň mukaddesligine, dogrulygyna, adalatlygyna we söýgüsine garşy çykanlaryň baryna mukaddes urşy yglan etdi. Biziň ruhy urşa bolan gatnaşygymyz babatynda bolsa, biz ýagşynyň we ýamanyň arasynda hiç haçan hiç hili ýaraşygyň bolmaýanlygyna anyk düşünmelidiris. Hudaý bu babatda hiç hili diplomatiýany hasap etmeýär. Hudaý Söweşiji we Ol Öz milletini ruhy söweşe çagyrýar. Şu gün ruhy uruş hemme ýerde çarp urýar. Erbetligiň güýçlerine garşy durmak diňe bir Hytaýdaky imanlylaryň resmi däl ýygnaklarynda ýa-da musulman ýurtlarynda adamlara hoş habary ýetirmegi gadagan etmekde ýüze çykmaýar. Haçan-da uruş aç-açan alnyp barlanda, imanyňda durup söweşmek biraz ýeňil bolýar ahyryn! Emma ol şeýle hem gizlin görnüşleri hem edinýär. Biz bu ýa başga görnüşde onuň bilen dürli taraplarda çaknyşýarys. Biz «Täze era» hereketiniň özüne çekiji we giňişleýin çagyryşlarynda Hudaýyň erkine garşy durulýanlygyny görýäris; «howpsuz jynsy gatnaşyk» (göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmak bilen) özi bilen jynsy gatnaşyklardaky ahlak arassalygyny çalyşandygyny; abortlaryň we ewtanaziýanyň, gynanç bildirýän bahanasy bilen, bu dünýäde kanunlaşyp barýandyklaryny; nikada iň esasy gymmatlyk bolup nikadakylaryň birek-birege biwepalyk emtekliginiň däl-de, olaryň «öz-özlerine eýe bolmaklaryny» görýäris; «dini erkinligiň» «dinden azatlygy» aňladyp başlaýandygyny görýäris; materializmiň we şahsy bähbitleriň biziň ýakynlarymyzyň ejir çekişlerine duýgurlygymyzyň kütelişip barýanyny görýäris; neşäniň söwdasyny edýänleriň öz yzlarynda ýaş adamlaryň gowşaklyklaryndan peýdalanyp, olaryň ömürlerini dargadyşlaryny görýäris, howpsuzlygy agtaryp ýadro ätiýaçlyklaryna bil baglaýanlygymyzy görýäris. Islendik uruşda ýeňiş gazanmak üçin, öz ýörelgeleri üçin janlaryny bermäge taýyn gahrymanlar gerek we ruhy söweşleri alyp barmak üçin hem edil şony edip biljek gahrymanlar gerek. Bu kitap şeýle adamlar barada ýazylan. Injil gahrymanlary, imanly gahrymanlar — bu ruhy urşa girişen Hudaý tarapyndan saýllanan aýallar we erkeklerdir. Hudaý olary has kuwwatly görnüşde ulandy. Şu gün olar biziň üçin ruhy äpetler bolup görünýärler, emma olar öz wagtynda adaty adamlar bolupdylar, olar Hudaýyň hakykatynyň yzynda durmaga, hakykaty yglan etmeklige we oňa laýyklykda hereket etmäge taýyndyklaryny görkezdiler. Biz hem şu gün şony etmäge çagyrylýarys. Ruhy söweşlerde üstünlik bilen söweşmek üçin bize degişli üpjünçilik gerek. Bu bolsa biziň Hudaýyň Sözüni bilmelidigimizi, onuň bilen ýaşamalydygymyzy we ony yglan etmelidigimizi aňladýar. Biz hem Hudaýyň Sözüni hemme milletleriň eline bermeli. Imanly gahrymanlaryň üpjünçiligi Ýeňiş gazanmak üçin biz göreşe taýýarlanmaly. Pawlus bize «ruhy gylyjy, ýagny Hudaýyň Sözüni» almaklygy maslahat berýär. Biziň ruhy ýaraglanmagymyzyň galan hemme bölekleri goranyş häsiýetine eýeder. Emma gylyç — bu öňe gidiji ýaragdyr. Gylyç bilen biz öňe gidýäris we ýeňýäris. Hudaýyň imanlylary üpjün eden ýaragy — bu bombalar we awtomatlar däl, maksada ýetmek üçin ykdysady serişdeler, gozgalaňlar hem däl, ýörite bilim we diplomatik gepleşikler hem däl. Pawlusyň aýdyşy ýaly, «biziň maksadymyz gana we tene garşy däl, emma başlyklaryň, hökümetiň şu asyryň tümlüginiň hökümdarlarynyň garşysyna, ýer ýüzündäki erbetligiň ruhlarynyň garşysynadyr». Erbetligiň güýçleri duýulýan we göze görünýän jebirleri ýüze çykarýarlar, adamlary mejaldan düşürýärler we biz munuň garşysyna Hudaýyň bize beren ýaragy bilen göreşýäris, ýagny Ruhuň gylyjy bilen, başgaça aýdylanda bolsa — Hudaýyň Sözi bilen göreşýäris. Biziň köpümiz Pawlus resulymyzyň ruhy söweşler babatynda Efesdäki ýygnaga beren nesihatlaryny okadyk (hatda olary ýat hem tutduk): «Mahlasy Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr. Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň. Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwalgasyny, Hudaýyň Sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň. Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň» (Efeslilere 6:10–18). Mundan düşnükli edip aýdyp bolmaz. Eger men bir wajyp duşuşyga gitmeli bolsam we daşarda tupan turup duranyny bilýän bolsam, onda men ilki bilen özümi goramak üçin oňat geýnerin, diňe şondan soň ýoluma ugraryn. Bu ýönekeý sagdyn aňly meseledir. Pawlus bu aýatlarda anyk şeýle diýýär: daşarda çabga ýagýar, şol sebäpli daşary çykmazyňyzdan ozal oňat geýniň. Eger siz beýle etmeseňiz, onda myžžyk bolarsyňyz! Pawlusyň bu parçadaky nesihatlaryny ýerine ýetirmek nazarýetden amalýete ruhy böküşi talap edýär. Lybaslaryňy hemişe geýip-gezmeli we eger olaryň size peýda getirmegini isleseňiz, onda olary ýerlikli ýerinde geýmeli. Bu nämäni aňladýar? Biz hakykat boýunça ýaşamaly. Bu biziň hakykaty aýtmalydygymyzy, hakykaty goramalydygymyzy we eger gerek bolsa, bizden öňki gahrymanlaryň ençemesi ýaly hakykat üçin ölmäge hem taýyn bolmalydygymyzн aňladýar. Biziň durmuşymyzda ýalandyr galp zatlara orun bolmaly däldir, sebäbi ýalanyň atasy — şeýtandyr. Biz dogruçyl ýaşamaly. Biziň Hudaýymyz — dogruçyl, Onuň biziň bilenligi sebäpli, biz gitdigiçe Oňa meňzejek bolup çalşarys. Elbetde, biz Mesihiň haçda pida bolanlygy sebäpli dogruçyl bolduk, ýöne Onuň Teniniň agzalary hökmünde, biz Onuň parzlary boýunça hem ýaşamalydyrys. Bu bolsa, hiç zada garamazdan, dogry durmuşy saýlap almaly, edýän zatlarymyzyň hemmesine Hudaýyň gatnaşmagyna ýol bermeli. Hatda, eger-de bütin dünýä durşuna erbetlik bilen gurşalyp alnan ýaly bolup görünse-de, biz dogrulygyň şamçyragy bolmaga taýyn bolmaly, hakykat boýunça hereket edýänleriň-de, hakykatyň arkasynda durýanlaryň-da hemmesini goldamalydyrys. Şol sebäpli hem Oňa biziň bilen bolmagyna we biziň üstümiz bilen hereket etmegine ýol bermeli. Biz özümizi Injili bütin dünýä ýaýratmaklyk üçin taýýarlamaly. Biz Mesih barada başgalara aýdyp bermek üçin mydama taýýar wekil bolmaly. Haçanda biz beýleki adamlar bilen Injili paýlaşsak, biz şeýtanyň öz dünýämizdäki zynjyrlaryny üzeris, Hudaýyň Patyşalygy bolsa berkäp giňeler. Biz imanyň galkanyny almaly. Ýewreýlere Hatyň ýazary iman barada şeýle ýazýar: «Iman bolsa umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» (Ýewreýler 11:1). Hut imana eýe bolandygymyz üçin hem biz Hudaýyň Patyşalygyndaky, şeýle hem şeýtanyň hökümdarlyk edýän ýerinde beýlekileriň görüp bilmeýän zatlaryny görüp bileris. Bu bize beýlekilerden başga-da özümizi we öz ýakynlarymyzy göze görünmeýän hökümdarlardan, hökümetlerden we bu garaňky dünýä gözegçilik edýän güýçlerden goramaga mümkinçilik berer. Biz gutulyş tuwulgasyny hem almaly. Biziň halas bolanlygymyzy we Isa bilen bakylykda boljagymyzy bilmegimiz bizi lapykeçlikden gorar we has ýyndam bolmaklyga kömek eder. Biz Hudaýyň Sözi bolan ruhy gylyjy götermeli. Sözüň iň kuwwatly ýarag bolanlygyny ýene bir gezek belläliň we Söz biziňki bolmalydyr. Yza ýol ýok Bu ýaraglaryň hemmesinde esgeriň arkasyny goramak üçin hiç hili gorag göz öňünde tutulan däldir. Hudaý biziň dawalardan gaça durjakdygymyzy ýa-da söweş meýdanyndan yza serpikjekdigimizi göz öňünde tutmaýar. Bu fakt bize Hudaýyň meýilnamalaryna laýyklykda biziň üçin niýetlenilen keşbe oňat düşünmegimize kömek berýär. Eger biz duşman bilen dawalardan gaçmaga synanyşsak, onda biz hiç haçan söweşde ýeňiş gazanmarys. Tersine biz esger bolmaly, biz duşmanyň üstüne çozmaly we ondan gaçmaly däl-de, onuň bilen ýüzbe-ýüz durmaga synanyşmaly. Meşhur çehoslowakiýaly kommunist bir gezek şeýle diýdi: «Eger-de ol meni öz dinine öwürmek üçin aýgytly synanyşsa, men söhbetdeşlikde öz garşydaşyma has uly hormat duýgusy bilen gararyn». Ýöne biziň duşmanlarymyz henize çenli bizi näletläp gelýärler, sebäbi örän köp imanlylar Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen kommunistik pelsepä garşy durmaklyga taýyn bolup durlar. Garşydaşlar bilen çaknyşykdan ýüz dönderip, biz olaryň ruhlaryny eýelemeris, ýöne eger-de açyk garşy durmaklykda biz öz hakykatymyz bilen galplyga we ýalanlyga garşy çykyş etsek, biz ähmiýetli ýeňşi gazanarys. Şol sebäpli hem biz imanlylar hökmünde her bir imanlynyň mätäçlik çekýän zadyny — Injili almaklaryna aýratyn kömegimizi bermelidiris. «Açyk gapylar» guramasy adamlary Hudaýyň Sözi bilen üpjün edip, üýtgeşik artykmaç bir işi ýerine ýetirýär — ejir çekýän ýygnaga, onuň ruhy urşy üstünlik bilen alyp barmagy üçin gerek bolan ýaragy berýär. Gaça durmaklygy talap edýän howp Meniň bir oňat dostumyň ogly orta asyrlar taryhy bilen meşgullanýar. Ol egnine gadymy esgerleriň lybaslaryny geýip, agaç gylyç we galkan alyp, öz dostlary bilen oýunlara gidýärdi. Ol köp gezek agaç gylyjyň degip, tenini gögerdip ýa-da sypjyrdyp gelýärdi. Ýöne häzirki gylyçlar has howply ýaragdyr — häzirki zaman ýaraglary barada aýdyp hem oturmaly däl. Aw üçin öz-özüni goramak ýa-da goşun gullugynda ýaraglanan adam özüniň ýaragyny nädip ulanmalydygyny bilmese, özi we daşyndakylar üçin gaty howply bolup biler. Bu ruhuň gylyjyna hem doly degişlidir. Hudaýyň biziň üçin saýlan ýoly bilen gitmek Isanyň iblis bilen çöldäki göreşinden almaly ýene bir sapagymyz barada ýokarda aýdypdyk. Ýadyňyzdamy, şeýtan Isany Onuň hakykatdan hem Hudaýyň Ogludygyny subut etdirmäge mejbur etjek bolup synanşypdy. Munuň üçin Isa iblisiň islegi boýunça özüni ybadathananyň üçeginden aşak taşlamalydy. Özüniň sözlerini subut etmek üçin şeýtan 91-nji Mezmury aldy, onda perişdeleriň Mesihi gorajakdygy barada äht bardy. Gowy aýdylan zat, şeýle dälmi? Isa, mümkin, Özüniň Hudaýyň Ogludygyny subut etse-de ederdi. Emma 91-nji Mezmurda bir örän wajyp zat bar: mezmurçynyň aýdýan adamy Hudaýyň ýoly bilen gidipdi: Ol hakyky ýerde ýerleşýärdi. Birinji aýatda şeýle diýilýär: «Hemmeden beýik Bolanyň gizlin ýerinde oturan Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutar»; Ol dogry işleri edýärdi. Dokuzynjy aýat şeýle diýýär: «„Reb meniň penamdyr“ diýdiň, hemmeden beýik Bolany özüňe mesgen edindiň»; Ol Hudaý bilen dogry özara gatnaşyklardady. On dördünji aýatda makullamak bilen «Yhlasyny Maňa baglandy» diýip ýazylýar. Şeýtan Isa aýdanynda, bu aýatdaky birnäçe sözleri goýberdi. Ol ýerde şeýle diýilýärdi, ýagny «bütin ýollaryňda seni saklamak barada Ol Öz perişdelerine buýruk berer». Şeýtan bu barada ýatlamady. Belki-de, Hudaýyň goraýyş ýollarynyň hemişe Hudaýyň erkidigini şeýtanyň Isa ýatladasy gelen däldir. Näme üçin gowşak we netijesiz imanlylar şeýle köpkä? Biziň Mukaddes Kitaby, ýygnagyň taryhyny, ruhy hossarlygy we psihologiýany, psihiatriýany we başga köp zatlary bilşimizden, köpler Hudaý tarapyndan hiç haçan niýetlenilmedik ýollar boýunça imanly gahryman bolmaklyga synanyşýarlar. Eger Hudaý sizi esger bolmaklyga çagyrsa, esger boluň. Eger sizi töwellaçy bolmaga çagyrsa, töwellaçy boluň. Eger Ol sizi «Açyk gapylar» guramasynda Hudaýyň kontrabandaçysy bolmaklyga çagyrýan bolsa, onda kontrabandaçy boluň we Injilleri beýleki ýurtlara ýetiriň. Emma Hudaý sizi çagalary terbiýelemäge ýa-da öz işiňizde Onuň şaýaty bolmaga çagyrýan bolsa, başga bir zatlary etjek bolup synanyşmaň. Ýaş imanly wagtlarym meniň birinji islegim wagyzçy bolmaklykdy. Men Gollandiýadaky garry ruhanynyň ýanyna barypdym we oňa şeýle diýipdim: «Meniň wagyzçy bolasym gelýär». Ol meniň egnimi sypalar we şeýle diýer diýip garaşdym: «Andreý, sen gowy oglan». Ýöne ýok. Örän agras ýüz bilen ol şeýle diýdi: «Şeýle, Andreý, mümkin bu seniň azmazlygyň üçin Hudaýyň ýeke-täk saklap biljek ýoludyr». Maňa onuň beren jogaby düýbünden ýaramady, sebäbi onuň jogabynda men barada ýokary pikiriň ýoklugy duýulýardy. Emma meniň ýaşym näçe ulaldygyça, men garry ruhanynyň aýdanlary bilen ylalaşýardym. Sorag siziň hakykatdan hem dogry ýoldan barýanlygyňyzda. Hudaýyň sizin üçin saýlan ýoly bilen barýanlygyňyzdadyr. Hudaý siziň her biriňiz üçin ýol taýýarlap goýýar we diňe şol ýol bilen gidip, siz Mesih üçin esger bolup bilersiňiz. Diňe şeýtseňiz, Hudaý sizi gorar. Eger Isa şeýtanyň teklibine gulak asan bolsa, ýagny ol Mukaddes Kitaby nädogry aýdanda, ony diňlän bolsa we ybadathananyň üçeginden özüni taşlan bolsa, Ol mümkin Öz janyndan mahrum bolardy we hiç haçan amala aşyrmak üçin gelen ýerinde hiç zady amala aşyryp bilmezdi diýip oýlanyaryn. Bir özüň meýdanda esger dälmiň? Biz Hudaýyň imanly gahrymany we Hudaýyň hatyrasyna göreşiji bolmak baradaky çagyryşyny kabul edenimizde, her birimiz özümizde ynamlylygy ýüze çykarmaly we duşman bilen ýüzbe-ýüz çaknyşykdan gorkmaly däldiris. Ýigrençden, günäden, erbetlikden doly dünýäde Hudaý üçin ýeke özüňe zähmet çekmek gerekmikä? Ilki bilen, göreşi ýeke özuň alyp barmagyň iň gowy çykalga däldigi barada aýtmaly. Hudaý bizi birek-birek bilen gatnaşykda bolmaklyga çagyrdy — ýygnaklarda we gulluk edilende, biziň hemmämiz bilelikde Hudaýyň goşunydyrys. Biziň hemmämize, ýagny biziň Hudaýyň Patyşalygyny gurmagymyz üçin biri-birimiz bilen aragatnaşyk saklap işlemegimiz üçin Hudaý dürli zehinleri berýär. Biz dünýäde Mesihiň Teni hökmünde hemmämiz bile gitmeli we Mesih üçin dünýäni gazanmaly. Biz ýalňyz gahryman hökmünde hereket etmeli däldiris. Şonuň bilen birlikde Mesih üçin ýalňyzlykda durmak bolýar. Mukaddes Kitabyň hemme ýerinde biz erkekleriň we aýallaryň hiç kimden kömek alman, Hudaý üçin bir wajyp zady etmek üçin hereket etmeli bolandyklaryny görýäris. Ýewreýlere hatyň 11-nji babyny ýadyňyza salyň. Biz duşmana ýalňyz özümiziň hem garşy durup biljekdigimizi hökman bilmelidiris, sebäbi diňe özümize bil baglamaly boljak wagtlarymyz hem gelip ýeter. Mundan başga-da, biz Ylýasdaky bolşy ýaly, özümizi ýalňyz duýup hem bileris, ýogsa şol wagtlar Ysraýylda Hudaýyň Bagalyň öňünde dyza çökmedik ýedi müň sany adamy hem bardy (1-nji Patyşalar 19:18). Käwagtlar siz özuňizi ýetişen ogluňyza ýa-da gyzyňyza öýde ýatmazlyga rugsat bermeýän ýeke-täk ene-atalar hökmünde duýmagyňyz mümkin, emma özüňiziňkide berk durmalysyňyz! Siz öziňizi iş ýeriňizde aýyp we hapa degişmeleri gürrüň bermeýän ýeke-täk adam hökmünde duýmagyňyz mümkin, emma özüňiziňkide berk durmalysyňyz! Siz öz ýurduňyzda we daşary ýurtlardaky garyplar üçin kän puly çykarmaklyga taýyn maşgalaňyzyň ýeke-täk agzasy bolup bilmegiňiz mümkin, ýöne munda hem siz özüňiziňkide berk durmalysyňyz! Biz Hudaýyň Öz Ruhunyň we Özüniň Sözüniň üsti bilen islendik söweşe taýyn bolan, biziň gaýduwsyz esger bolup, Özüniň iberen ýerinde söweşmegimiz üçin güýc berýändigini bilmelidiris. Bizde zerur ynamlylyk bolmasa, nerwlerimiz garşydaşymyzyň ot açyşyna çydap bilmezler. Biz duşmanyň göni ýüzüne seretmegimiziň deregine, kä sag tarapymyzdan, käte bolsa çep tarapymyzdan başga adamlardan kömege garaşarys. Mynasyp nyşan boluň Jyhady diňe bir Hudaý däl-de, iblis hem yglan etdi. Ylham Kitabynda biz örän gyzykly bir zady tapýarys: «Bularyň maksady bir bolar, güýçlerini hem ygtyýarlaryny janawara bererler. Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy Rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr» (Ylham 17:13, 14). Jyhady Hudaý başlady, emma Mesihiň hemme duşmanlary Guzynyň garşysyna göreşmek üçin wagtlaýynça birleşdiler. Olar bir-birlerini ýigrenip hem bilerler, emma olaryň guza bolan umumy ýigrençleri bir-birleriniňkä garanda, mümkin has köpdür, şol sebäpli hem olar Guza garşy jyhady yglan etdiler. Ylham Kitabynyň bu parçasyndaky bir zada, ýagny Ýygnak bilen urşuň gurama hökmünde boljakdygy barada aýdylmanlygyna üns beriň. Hatda şu günler hem imanlylara duşmançylyk bilen garaýan ýurtlarda hem hemme ýygnaklaryň yzarlanylmaýan ýurtlary bar. Eger siz ylalaşyga gitmeseňiz, siz döwlete öz işleriňizi ugrukdyrmaga mümkinçilik berýärsiňiz, Hoş Habary ýaýratmaýarsyňyz, ýuwaşlyk bilen oturýarsyňyz, şonda siz kynçylyksyz ýaşamaga bolan mümkinçiligiňizi dowam etdirersiňiz. Käbir imanlylar şeýtanyň çozuşlaryna sezewar bolman, özlerini arkaýyň ýaşaýyş bilen üpjün edip bilýärler. Adam biperwaý imanly bolup bilýär we erbetligiň hökümdarlyk etmek şertlerinde asuda durmuşy ýöredip biler. Mysal üçin, Gitler we faşistler dowründe ýaşan imanlylar. Olar agyzlaryny ýumup we gözlerini berk ýapyp gezýärdiler, munuň netijesinde olary hiç kim yzarlamaýardy. Emma hakykaty wagyz edýän ýygnak bilen näme boldy? Ol käbirleri ýaly, mysal üçin, Korri ten Boom we onuň maşgalasy ýalylar gizlinlikde hereket etmeli boldular, olar gizlinlikde ýewreýleri saklaýardylar we Isa Mesihiň erkini ýerine ýetirýärdiler. Şeýtanyň iň esasy nyşany — Hudaýyň Guzusy. Onuň yzarlamalarynyň maksady — her bir imanlyda we her bir ybadathanada Isa Mesihiň durmuşy, ýagny bizde ýaşaýan Mesih. Gynansak-da, käbir imanlylar şeýtanyň peýdasyna oýnaýarlar. Haçan-da meşhur imanlylar köpçülikde bir-birleri bilen dawalaşsalar ýa-da uruşsalar, onuň ýaralary Hudaýyň Guzusyna baryp degýär. Haçan ýygnak mätäçlik çekýän ýakynlaryny hasap etmese, Mesih hem hasap edilmeýär. Haçan-da imanlylar guramalary Hudaýyň pullaryny takwasyzlyk bilen sowanlarynda, onda Mesihiň adyna hem nälet ýetýär. Haçan bir imanly beýleki imanlyny kazyýete suýräp äkitse, Mesihi hem kazyýete çekýärler. Men söweşiň şunuň bilen saklanmaýandygyna şeýle bir şatlanýaryn. Men biziň taryhyň ahyryny bilýänligimize şatlanýaryn, sebäbi Guzy ýeňdi we ýeňýär. Mukaddes Kitapda gowşak Guzyny dişlemek üçin duşmanyň dişlerini döwýänligi barada aýdylmaýar. Ýok. Guzy hem göreşýär! Ruhy uruş gidýär we her bir imanlyny oňa gatnaşmaga çagyrýarlar. Biz triumfal netijede doly ynam bilen söweşip bileris, sebäbi biz Kimiň ýeňjekdigini bilýäris ahyryn! Guzy ýeňýär, sebäbi Ol hökümdarlyk edýän Hudaý we patyşalaryň Patyşasy, kim Onuň bilen bolsa, bu çagyrylan, saýlanylan we wepalylardyr. Biz ýer ýüzündäki ejir çekýän ýygnaklara bu Hoş Habary äkidip bileris. Eger sizi kowýan bolsalar, şatlanyň! Bu sizde Hudaýyň Oglunyň bolmagynyň iň dogry subutnamalarynyň biridir, ýogsa sizi yzarlamazdylar. Mert boluň, Hudaýyň Şözüne ylgaň we Söz bilen damlaryň ýanyna gidiň! Haçan-da biz Hudaýyň Sözi bilen paýlaşanymyzda we ony bilelikde öwrenenimizde, biz Başlangyç Kitabynda (3:15) ilkinji gezek jyhadyň yglan edileninden Ylham Kitabyndaky (17:13) iblis tarapyndan jyhadyň yglan edilýänineçe, Mukaddes Kitap öz ýanyndan uruş hakynda hekaýatlary, dawalary we ruhy söweşi görkezýär. Bu söweşi imanly gahrymanlar alyp barýandyrlar. Olar haýsydyr bir adatdan daşary, tebigatdan ýokary güýçlere eýe bolanlary sebäpli gahryman bolmadylar-da, olar özleriniň janlaryny Isa Mesih üçin pida edenleri üçin gahryman boldular. Olar şulary aýtmaga het etdiler: «Hudaý, meniň ömrüm Seniň erkiňdedir». Sözi ýaýratmagy haýala çekmäň Dünýädäki kynçylyklaryň köp bölegi syýasy däl-de, ruhy häsiýetlidirler. Adamlaryň akyllary we ýürekleri üçin arasy üzülmeýän uruş gidýär. Duşman aldaýar, gorkuzýar, Kitapdan betnebislik bilen peýdalanýar ýa-da «täze mukaddes kitaply» täze dinleri oýlap tapýar. Bu çozuşlara ýeke-täk jogap bolup, Hakykatyň Sözünden dogry peýdalanmak durýar, sebäbi diňe ol aýratyn şahsyýetlere, şeýle hem bütin adamzat jemgyýetine azatlygy bermäge ukyplydyr. Adamlar Kitapdaky aýdylýanlary bilmelidirler, emma munuň üçin Hudaýyň Sözüni öwrenmäge we oýlanmaga olara Kitap elýeterli bolmalydyr. Ynha näme üçin Hudaýyň Sözüni her bir adam üçin elýeterli bolmagyny etmek wajypdyr. Dünýäde ullakan üýtgetmeler biziň haysydyr bir millete berip biljek harby güýçler bilen, diplomatik tagallalary bilen, ykdysady we ynsanperwerlik kömegi bilen gazanylmaz. Beýle görnüşli kömek hiç hili üýtgeşiklik bermez, sebäbi ol adamlaryň durmuşa, günä, iblise we Hudaýa bolan gatnaşyklaryny üýtgedip bilmez. Resul Petrus aýtdy: «…Ýa Reb! Biz Seni terk edip kime baraly? Sende ebedi ýaşaýyş sözleri bar» (Ýahýa 6:68). Bu hem bütin düňýä üçin dogrudyr, çünki Hudaýyň Sözünde aýdylyşy ýaly, diňe Isa hakyky durmuşa getirip biler. Ynha näme üçin men özümi Hudaýyň Sözüni, hatda syýasy ulgamynda hem adamzadyň çuň kynçylyklaryny çözmegiň ýeke-täk serişdesi hökmünde ýaýratmaklyga bagyşladym. Geçen asyryň beýik amerikan jemgyýetçilik işgäri we gul söwdasyny goýdurmak hereketiniň ýolbaşçysy bolan Gorasiý Grili beýik ýüzlenme etdi: «Injili okaýan adamlaryň aň-paýhasyny we erkini boýun egdirmek mümkin däldir». Injiliň ýörelgeleri adamzat azatlygynyň esasyny düzýärler. Eger Hudaýyň Sözüni hemme adamlar üçin elýeter bolar ýaly etsek, hiç hili duşmançylykly taglymatlar, keseki pelsepeler ýa-da butparazlara tagzym edýän din adamlary öz ýesirliginde uzak wagtlap saklap bilmezler. Injil — goranmaga mätäçlik çekmeýän ýeke-täk kitap, ol wagt bilen synagdan geçdi we köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň durmuşlaryny üýtgedip gelýär. Onda ebedi ýaşaýyş sözleri saklanýar. Çykyş Kitabynyň 15-nji babynda biz Musanyň aýdymyny tapýarys: «Reb urşujydyr, Onuň ady Rebdir» (Çykyş 15:3). Biz Injiliň ahyryna ýetenimizde, Ylham Kitabynda (15:3) ýeňýän mukaddesleriň heniz hem Musanyň aýdymyny aýdýanlaryny görýäris, bu örän gyzykly. Erbetlik tä kowulýança, Hudaý adamlar üçin aralykda Esgeriň keşbine girip durar, Öz halkyny Özüniň mysalyna eýermekligine we Onun edişi ýaly etmelige çagyrar. Doganlar we uýalar, wagt gelip ýetdi. Hemme ýerde bize rehimsiz söweşler garaşýar. Siz gorkýaňyzmy? Ýokaryk serediň — siziň öňüňizden Mesih, ozalky ýaşap geçen imanly gahrymanlar bilen bile barýar. Olardan mysal alyň. Ruhuň gylyjyny alyň, ondan peýdalanmagy öwreniň, tümlüge ýagtylyk getirmegi, galp we ýalana arkasyndan urgulary urmagy öwreniň. Geliň, Hudaýyň çagyryşlaryna gulak salalyň we resul Pawlus bilen bile şulary aýtmaklyk üçin imanly gahrymanlar bolalyň: «Men oňat söweşi alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym» (2 Timoteos 4:7).