Bu kitapda siz ynamy sebäpli yzarlanmalara sezewar edilen Mesihiň şägirtleri hakdaky taryhlara duş gelersiňiz. Olary aklyndan azaşan hasapladylar, olar ýalňyzlykdan we mahrum edilmelerden ezýet çekdiler. Olar Mesihiň yzyna eýermek üçin bu dünýäde gymmat hasaplanylýan zatlarynyň hemmesini berdiler. Olara biz ynam gahrymanlary diýip bileris. Gahrymançylykly ynamy bolan mesihileriň hemmesine çydamlylygyň, batyrlygyň, özüne erk etmekligiň, Hudaýyň Sözüne bolan söýginiň mahsusdygyny ýazarlar tassyklaýarlar. Yzarlanylan mesihileriň durmuşyndan alnan mysallar we şaýatlyklar özüňizde şol häsiýetleri terbiýelemäge size kömek eder. Her bir adam ynam gahrymany bolup biler. Siz hem ynam gahrymany bolup bilersiňiz.
«Azap çekenleriň sesi»
GAHRYMANÇYLYKLY YNAM
Nädip durmuşyňy Hudaýa bagyş edip ýaşamaly?
Minnetdarlyk
Siziň häzirki eliňizde tutup duran kitabyňyz köp adamlaryň uzak wagtlap çeken zähmetiniň miwesidir. Olaryň hemmesi-de şu sahypalar siziň kalbyňyzda biziň Halasgärimize janymyz-tenimiz bilen çyn ýürekden gulluk etme höwesini oýarar diýip umyt edýär.
Bu işe gatnaşan birnäçe adamlar aýratyn minnetdarlyga mynasypdyr.
Kitabyň baş ýazarlarynyň biri bolan Greg Asimakupulosa köp sag bolsun aýdýaryn. Kitabyň tekstini biziň maksadymyza gabat getirjek bolup hem-de Mesih üçin ezýet çeken adamlaryň durmuşyna degişli bolan maglumatlary barlajak bolup sarp eden ummasyz wagty üçin men oňa çuň minnetdarlygymy bildirýärin.
Men Mark Suinine we «
Greg Daniýel dini azatlygyň çäklendirilen ýurtlarynda bu kitabyň okyjylaryň ýüreklerine täsir etmegi hem-de biziň doganlarymyza çyn ýürekden gulluk etmäge synanyşýandygymyz hakda gürrüň bermegi üçin tagalla baryny edip zähmet çekdi. Greg, saňa köp sag bolsun aýdýaryn.
Deýw Wirman bilen onuň Liwingstondaky kömekçileri bu kitaby ýazmakda we redaktirlemekde bize uly kömek etdiler. Olar ýene-de beýik derejede boldular. Men olaryň hünärmenlikleri we güýçli höwesliligi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu kitabyň neşir edilişine «Azap çekenleriň sesi» guramasynyň adyndan gözegçilik eden Stiw Klire we Todd Nettltona hem özümiň minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
Bu kitabyň häzirki derejesine ýetmegine kömek edip, köp adamlar onuň üstünde işledi.
Galyberse-de, men biziň gullugymyza ak pata bereni we şol gulluga bizi çagyrany üçin Hudaýa minnetdar. Bu kitap Onuň şöhraty üçin ýazyldy. Men şeýle hem kyn şertlerde Mesihe gulluk edip, ynam gahrymanlarynyň diri göreldesini görkezýän köp doganlarymyza minnetdardyryn.
Giriş
Ýewreýler 11:1-2
Ýewreýler 11:13-16
Ýewreýler 11:32-40
Ýewreýler 12:1-3
Howany sowadyjyly, içi «gowy durmuşyň» şaýatlary bilen gurşalan otaglarda azatlygyň arassa howasyndan dem alyp oturanymyzda, biz öz ýurdumyzyň çäklerinden daşarda nähili külpetli ýagdaýlaryň bolýandygyny kynlyk bilen göz öňüne getirýäris. Terrorçylar, yzarlanmalar, gynamalar we beýleki wagşyçylyklar baradaky habarlar göwnümize bolmajak zatlar ýaly bolýar, şonuň üçin hem şol zatlar biziň ünsümizi özüne az çekýär. Maşgalamyz, ýygnagymyz we dostlarymyz bilen gümra bolan biz özümiziň hyryn-dykyn gün tertibimizden daşarda bolýan zatlara, ylaýtada dünýäniň gündelik aladalarymyzdan örän uzakda ýaly bolup görünýän böleklerinde bolup geçýän zatlarda ünsümizi kynlyk bilen jemleýäris.
Ýöne günleriň birinde Ýakyn Gündogardaky uruş, Afrikadaky tire-taýpa arasyndaky ýaragly çaknyşyklar, Ýewropadaky etniki arassaçylyk, terrorçylaryň nejis niýetleri, mesihileriň yzarlanylyşy baradaky habarlary eşidip, ýamanlyk hem-de durmuş hakykaty bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu wakalar hakda köpräk bilenimizde, olaryň pidalaryny görenimizde, parahatçylygymyz dünýäniň durmuşy hakda gaýgy etmeklige, gahara we birahatlyga öwrülýär. Şonda biz şunuň ýaly ýagdaýlarda diri galanlaryň hem-de beýlekileri halas edenleriň, ýagny gapma-garşylyklaryň gahrymanlarynyň gadryny başgaça bilip başlaýarys.
Halkara habarlary, elbetde, gahrymançylyk görkezme islegini kalbymyzda tutaşdyryp biler, ýöne duýgularymyzy diňe taryhyň jümmüşine we ýeriň töweregine syýahat etmeklik oýarýandyr. Dünýä gahrymanyň başga bir görnüşlisini, ýagny ruhy gahrymany tanaýar. Iki müň ýylyň dowamynda ynam gahrymanlary iman edendikleri sebäpli elhenç ezýetleri çekdiler. Olar medeniýetlije eglişigiň hatyrasyna dönüklik etmediler-de, Rebbe wepadar bolma ýoluny saýladylar.
Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda ägirt güwäler buludyny düzýän gahrymanlar görkezilipdir. Onuň sanawynda Nuhuň, Ybraýymyň, Saranyň, Musanyň, Rahawyň, Gedeonyň, Şamuweliň, Dawudyň we başga-da köpleriň ady ýatlanylyp geçilýär. Bu hatyň ýazary patyşalyklary ýeňen (Ýeşuwa), ýolbarslaryň agzyny baglan (Danyýel), oduň güýjýüni söndüren (Şadrak, Maýşak, Abednego), gylyjyň tygyndan gutulan (Ester), ejizlikde bekän (Simun Petrus we Nikodimos) gahrymanlaryň gahrymançylykly ynamyna ünsi çekýär. Gürrüň dogany ölümden direlen aýallar (Marta bilen Merýem), azat edilmäni kabul etmän üçin gynalanlar (Stefanus), sögünçlere we urulmalara sezewar bolanlar (Pawlus bilen Silas), şeýle hem türmä salnanlar (Petrus bilen Ýahýa) barada barýar.
Gürrüň mukaddes taryhyň sahypalarynyň gyrasyndaky «bellik üçin niýetlenen sütünjikde» galanlar barada barýar. Bular atlary Ýazgyda agzalmadyk, byçgylanyp iki bölek edilenler ýa-da imperatoryň gylyjy bilen parçalanan, öýsüz, garyp ýa-da yzarlanandygy sebäpli haýwan derisini geýen wepadarlardyr. Olar bolsa müňlerçe we müňlerçediler.
Ýewreýlere hatyň ýazarynyň ynamyň şeýle gahrymanlary barada näme diýýändigine üns beriň: «Dünýä olara laýyk däldi». Eýsem, bu geň galdyryjy zat dälmidir? Gahrymançylyk hem berk iman bilen tapawutlanan adamlar gahryman hökmünde ykrar edilmedi. Olary türmä salanlar we öldürenler özleriniň meşhur adamlar bilen iş salyşýandyklaryna düşünmediler. Yzarlaýan adamlaryň nukdaý-nazarynda çuň imanly bu adamlar ýaşamaga mynasyp däldiler. Esasynda dünýäniň özi şol adamlaryň öz ýanynda bolmagyna mynasyp däldi hem-de şoňa mynasyp bolmak üçin hiç bir zat etmändi.
Ýewreýlere hatyň 11-nji babyndaky iman gahrymanlarynyň sanawyny dowam etdirmek bolar. Bu hatda sanalyp geçilen adamlaryň gürrüňsiz gahrymançylykly inamly bolandyklaryna garamazdan, olar gahryman adyna mynasyp bolan ýeke-täk adamlar däldirler. Keramatly Awgustin bilen Bernard Klerwoskiý hem ynam gahrymany bolupdylar. Sanawa Jon Uiklifi hem goşuň, Martin Lýuteri, Isaak Uottsy, Jorj Mýulleri, Emi Karmaýkly we Oswald Çambersi dagyny-da goşmagy ýatdan çykaraýmaň.
Erik we Ewi Barendsenler hem bu sanawa girýärler. Amerikaly bu hoş habarçylar jübüti öz ynamyny özleriniň Owganystanyň Kabul şäherindäki ýaşaýan sadaja öýünde wagyz etdiler. Olar adamlara kömek etmek bilen Hudayýyň Patyşalygyny wagyz etmek islediler. Owganystanly musulmanlaram, mesihilerem Barendsenleri gözläp, köp menziller geçýärdiler. Barendsenleriň goldawyna bil baglap bolýandygyny ýa-da olardan derman alyp bolýandygyny adamlar bilýärdiler. Emma bu är-aýalyň işi hemme kişä ýarap duranokdy. Olaryň wagyz etmesine bolan ýigrenç hem ösýärdi.
1980-nji ýylda Barendsenler iki çagasy bilen (olaryň biri bäş, beýlekisi üç ýaşyndady) Amerika gysga wagtlaýyn zähmet rugsadyna gaýdyp baranda, Kabula gaýdyp gitjekdigini yman bilen aýtdylar. Muny eşiden garyndaşlary we dostlary Erik bilen Ewiniň aýdanlaryna diýseň geň galdylar. «Siz ol ýere nädip gidip bilýärsiňiz?» «Eýsem ol ýer howply dälmidir?» diýip, adamlar olardan soradylar.
«Men diňe bir uly howpy görýärin, bu hem Hudaýyň erkine boýun bolmazlykdyr» — diýip, Ewi jogap berdi.
Barendsenleriň maşgalasy Owganystana gaýdyp gelenden soň, öz öýünde Erik bilen Ewiniň üstüne musulmanlar çozýar. Olar är-aýaly çakgy bilen pyçaklap öldürýärler. Ganhorlar Barendsenleriň öýüniň diňe bir dermanhana meňzeş bolman, eýsem, mesihileriň ýygnanýan ýeri hem bolandygy bilen ylalaşyp bilmeýärdiler. Gan döküşikli bu çozuşdan soň ýetim galan iki çaga hem-de ösmegini dowam etdirýän gizlin ýygnanyşyk galdy.
Belki, siz şu güne çenli Erikdir Ewi Barendsenler barada hiç zat eşiden ýa-da okan dälsiňiz. Belki, Ýohannes Mantahariniň, Niýole Sadunaýteniň, ruhy çopan Imiň, Ýon Lugaýanunyň, Lin Daonyň we Nikolaýe Moldawaýeniň atlary size düýbünden nätanyş bolup görünýändir. Şeýle-de bolsa, tapawutlanýan tarapy çuň ynam bolan bu adamlar, yzarlanan Ýygnagyň agzalary, adaty mesihilere görelde hökmünde biziň öňümizde örboýuna galýarlar. Olar çyn gahrymanlardyr, şonuň üçin hem gökdäki münberde Ýewreýlere hatda gürrüňi edilen wepadarlaryň arasyndaky boş ýerlerde doly hukuk bilen oturýarlar.
Ýewreýlere hatyň 11-nji babynyň kyrkynjy aýadyny okap, 12-nji babyň 1-nji aýadyna geçeniňizde, siz ynamyň ýene-de haýsy gahrymanlary barada oýlanýarsyňyz? Siz gökdäki münberde ätiýaç üçin goýlan ýerlerde oturmaga kim mynasyp diýip pikir edýärsiňiz?
Bu soraglara jogap bermegiň üstünde pikirlenýärkäňiz, ýene iki soragyň üstünde hem oýlanyň. Gahrymançylykly ynamy adaty ynamdan näme tapawutlandyrýar? Siziň öýkünmek isleýän adamyňyza nähili häsiýetler mahsus? Ezýet berlen we yzarlanmalara duçar edilen beýleki ýüzlerçe mesihileriň durmuşyna ünsli seredip, biz ynam gahrymanlarynyň birnäçe häsiýetlerini ýüze çykardyk. Eger siz hem öz barlaglaryňyzy geçiren bolsaňyz, onda şu sekiz häsiýeti tapardyňyz.
1.
2.
3.
4.
5.
6.
7.
8.
Ynam gahrymany bolmagyň mümkin däl ýaly bolup görünmegi mümkindir, ýöne bu beýle däldir. Ynam gahrymanlaryna meňzemäge bizde isleg döredýän käbir zatlar bardyr. Olar ýokarda sanalyp geçilen esasy hakykatlara ýetip, ruhy ösüşe güýç tapdylar. Eger olar şeýle etmedik bolsalar, onda bu güýji tapyp bilmezdiler.
Bu kitap ynam gahrymanlarynyň agzalyp geçilen sekiz häsiýetini has takykrak öwrenmäge edilen synanyşykdyr. Biz göreldesi bilen özümizi ruhlandyrýan we söweşe çagyrýan yzarlanan Ýygnak agzalaryna aýratyn üns bereris. Olar pakistanly talyp Şaraz ýaly adamlardyr.
Şaraz Mesihiň hemme zady öz içine alýan söýgüsini tanandan soň, ony beýlekilerden gizlin saklap bilmedi. Şaraz şol söýgi barada öýde, özüniň gatnaýan Mukaddes Kitap mekdebinde, işleýän zawodynda gürrüň bermek isleýärdi. Söýgüden we bagyşlamadan ýaňa onuň ýüregi şeýle bir üýtgäpdi welin, ol özüniň tanaýan her bir adamynyň şol duýgyny bilmegini isleýärdi.
Bir gezek Şaraz ene-atasyna we üç uýasyna hemaýat bermek üçin işleýän zawodynda musulman işdeşleri bilen täze kabul eden ynamy barada gürrüň etdi. Parahatçylykly pikir alyşma bilen başlanan gürrüňdeşlik gyzgyn jedele ýazdy. Bu Şarazyň diri görülen soňky gezegidi.
Bir hepde geçenden soň onuň gana boýalan jesedi Lahordaky (Pakistan) özüniň gatnan ýygnanyşygynyň gapysynyň agzyna taşlanylyp gidilipdir. Jesede: «Musulmanlara wagyz etmäňizi bes ediň» diýen ýazgy gysdyrylyp goýlan eken.
Hawa, Şaraz yslama uýýan adamlara Mesihi wagyz etmek bilen töwekgelçilik edýändigini bilýärdi. Ol öz ynanjy hakda gürrüň berendigi üçin öldürilen köp pakistanly mesihiler barada bilýärdi. Ol Hudaýa dil ýetirmekde günä ýöňkelip, türmä basylan beýleki mesihiler barada hem bilýärdi. Ýöne täze imana gelen adam hökmünde Şarazyň aýratyn işi bardy. Ol Hudaýyň söýgüsi hakda aýtman bilmedi.
Onuň ýygnanyşygynyň agzalary hem şeýle etmän bilmedi. Olar Şarazyň jesedini tapanlarynda, ony uly hormat bilen jaýladylar. Haty bolsa taşlap goýberdiler. Olar bu üç sözüň hakykaty wagyz etme işini saklamagyna ýol berip bilmediler. Şaraz şol hakykat üçin janyny orta goýupdy ahyryn.
Ynam gahrymanlarynyň özümize galdyran mirasy hakda oýlanyp, Ýewreýlere hatyň ýazarynyň edişi ýaly, olary göz öňüne getirmäge synanyşyp görüň. Ähli döwürleriň mukaddesleri ýaryşy gutaranyndan soň, hormatly ýerlere beýige galdyrylyp, beýlekiler hormat aýlawyny aýlanyp bolýança ýapylyş dabarasyna garaşyp oturan Olimpik oýunlarynyň sportsmenleri ýaly, gökdäki stadionyň münberlerinde otyrlar.
Ýöne Olimpik oýunlarynyň sportsmenlerinden tapawutlylykda, bu mukaddesler sylag gowşurma dabarasynda çykylýan münbere çykmadylar. Olar entek öz ýollaryny geçip gutarmadyklara garaşýarlar (Ýewreýler 11:39-40).
Şonuň üçin durmuşy biziň ýetjek bolup dyrjaşýan ynanjymyzyň nusgasy bolup hyzmat edýän gahrymanlar bize berk üns berip, hemişe bizi ruhlandyrýarlar.
1 bap
Gelejege garaýyş
«Biz mundan artyk seni gynamarys!»
Paulus sowet ofiseriniň bu sözleriniň näme aňladyp biljekdigi barada pikirlendi. Birnäçe sagadyň dowamynda ony urdular we kemsitdiler. Bularyň hemmesi-de onuň Isa Mesihe ynanýandygy sebäplidi. Özüni egilmäge mejbur eden agyra döz gelip, Paulus ofiseri diňlemek üçin oturdy.
«Ýok, biz seni mundan artyk gynamarys. Biz seni köp ezýetleriň mekany bolan Sibire sürgün ederis» — diýdi. Soň hem ofiser it ýylgyryşyny edip: «Ol ýer saňa we maşgalaňa örän ýarasa gerek» — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Paulusyň jogaby sowet ofiserini geň galdyrdy. Paulus ýylgyryp, oňa şeýle jogap berdi: «Bütin ýer ýüzi meniň Atamyňkydyr, kapitan. Siz meni nirä goýberseňiz-de, men barybir öz Atamyň ýerinde bolaryn».
Paulus ýylgyryp şeýle diýdi: «Size örän uzyn merdiwan gerek bolar, kapitan. Meniň hazynalarym gökde saklanylýar. Eger bu dünýäde siz meniň janymy alsaňyz, onda meniň şatlykdan doly hakyky ýaşaýşym başlanýar. Men ölümden gorkamok».
Mesihiniň ynamlylygy kapitanyň gaharyny getirdi. Ol Paulusyň ýyrtyk türme eşiginden penjeläp tutup, onuň ýüzüne: «Onda biz seni öldürmeris. Biz seni ýeke oturylýan kamera gabarys-da, ýakynlaryňa seniň ýanyňa gelmegi gadagan ederis!» — diýip gygyrdy.
Paulus ýylgyrmasyny dowam etdirip, kiçigöwünlik bilen kapitana garşy çykdy. «Siz beýle edip bilmersiňiz. Bilýärsiňizmi näme, meniň ýapyk gapylaryň we demir gözenekleriň arasyndan geçip bilýän bir Dostum bar. Hiç kim, hatda sizem, meni Mesihiň söýgüsinden aýryp bilmersiňiz».
Kapitanyň Paulusa wada berşi ýaly, oňa we maşgalasyna tizara Sibire göçürilmeklik garaşýardy. Sibir ýaşamak üçin gowy ýer däldi. 80-nji ýyllarda Sowet Soýuzynda Sibir gazaply howadan-da, garyplykdan-da erbet ýeri aňladýardy. Taryhy nukdaý-nazardan hem bu söz gazaply jezanyň, hatda ölümiň hem sinonimi bolup durýardy.
Ýöne Rebbe bolan imanyndan yza çekilmek ne Paulusyň, ne-de aýalynyň pikirine geldi. Olar ahyrsoňunda özlerini hiç kimiň kowup bilmejek ýerinde boljakdyklaryny bilýärdiler. Öz nazarynyň gelejege gönükdirilendigi üçin olarda özlerini türmä basanlaryň tutup bilmedik ýygylykda tolkun tutmaga mümkinçilik berýän «ruhy antennasy» bardy. Sibirdäki şol tolkun hem beýleki islendik ýerde bolşy ýaly, güýçlüdi.
1982-nji ýylyň ýyly güýz günleriniň birinde amerikan futbolunyň uniwersitet ligasyndan bolan Miçigan ştatynyň «Spartanslary» agşam Wiskonsin ştatyndaky Medisonyň «Bajer» stadionynda ýer eýeleri bilen bile futbol oýnadylar. Töwerekdäki ýagdaý gaty dartgynlydy. Aýdyp bolmajak goh höküm sürýärdi. Uly uniwersitet onlugynyň oýnuna birinji gezek gelen ýaş ýigit üçin bolýan zatlar gaty geň görünýärdi. Miçiganlylar ýer eýelerini uly tapawut bilen ýeňdiler. Her gezek myhmanlaryň haýsy hem bolsa biri uzyn geçelgäni geçse ýa-da garşydaşynyň toruna top salanda, Wiskonsinli janköýerler güýjünde baryny edip, oňa el çarpýardylar. Öz komandasynyň ýeňilýändigine garamazdan, janköýerler edil komandasy ýeňen ýaly hereket edýärdiler.
Ahyrsoňy, oýnuň birinji çärýeginiň ortasynda, alada galan täze gelen ýaş ýigit nämäniň nämedigine düşündi. Şeýle ýagdaý bolupdy, şol gün «Bajer» stadionyndan segsen mil uzaklykda Miluokdan bolan «Piwo gaýnadyjylar» öz meýdanynda Dünýä seriýasynyň dördünji oýnunda Sent-Luisiň «Kardinallaryny» kabul etdi. «Bajer» stadionyndaky futbol janköýerleri çaklaňja radiopriýomniginde «Piwo gaýnadyjylaryň» «Kardinallary» ýeňýändigini eşidýärdiler. Şol sebäpli-de, «Bajer» stadionyndaky şowhun öz içinde bolýan zada degişli däldi. Ol şowhunlar bu stadiondakylaryň hiç biriniň görüp bilmeýän hakykaty bilen baglanyşyklydy.
Westmont kollejindäki ruhany Ben Pattersonyň sözleri bilen aýtsak, umyt — bu gelejegiň mukamyny eşidip bilme ukybydyr. Bu pikir maňa ýaraýar. Gahrymançylykly ynamy bolan adam beýlekileriň eşidip bilmeýän zadyny eşidýär. Ynam gahrymanlary başga deprekler astynda gadam urýarlar. Edil Paulus, onuň aýaly we çagalary ýaly, bu adamlar gelejegini bilýändiginden teselli tapýarlar. Bu bilim olaryň ýadap surnugan köňüllerini rahatlandyrýar. Rebbe bil baglamak bilen olar ruhlandyrýan we kalbyňy galkyndyrýan mukamy eşidip başlaýarlar. Özünde şunuň ýaly ynamy bolan adam Wiskonsindäki janköýerlere kybapdaş bolýarlar: olaryň duýgulary entek görmedik zatlaryna bolan ynama esaslanýar.
Ýöne bu zatlaryň entek hemmesi däldigini Patterson aýdýar. Eger umyt — bu gelejegiň mukamy bolýan bolsa, onda ynam, onuň sözlerine görä, şol mukama goşup edilýän tansdyr. Başgaça aýtsak, iman edýän zatlaryňyza başgalar düşünmese-de, şol işleriňiziň dogrudygyny ynam bilen aýdyp biljek hereketleriňizi etmeklige ruhlandyrýar.
Göreş bilen agyrynyň biziň nazarymyzy kütüleşdirmegi mümkin. Şol sebäpli-de ugrumyzy ýitiräýmegimiz hem ahmal. Edil şol pursatda-da ýan bermeli ýa-da yza çekilmeli diýen synag peýda bolýar. Ýöne biz elmydama bir zady ýatda saklamalydyrys; bu dünýäde bizi yzarlanlarynda, azar berenlerinde, ýeke bolup galanymyzda, göwnümize ýeňilen ýaly bolanymyzda, pikir edişimiz ýaly bolmaýar. Esasynda biz Reb bilen bilelikde ýeňiş gazanýarys.
Bir pursat saklanyň-da, nazaryňyzyň nirä gönükdirilendigini barlap görüň. Siz nirä seredýärsiňiz? Siz kime gulak asýarsyňyz?
Riçard Wurmbrand özüniň «Ýeňişli ynam» atly ajaýyp kitabynda Pattersonyň aýdan pikirini aýdýar. Wurmbrand şeýle ýazýar: «Bir wagtlar skripkany örän gowy çalýan bir sazanda bolupdyr. Ol skripkany şeýle bir gowy çalýan eken welin, saz çalyp başlanda, hemmeler tans eder ekenler. Sazy eşidip bilmeýän bir ker adam hemmeler däliräpdir öýder eken. Imanly adamlar ezýet çekenlerinde, beýleki adamlaryň eşidip bilmeýän sazyny eşidýärler. Şonda olar tans edýärler hem-de özleriniň däli hasaplanmagyndan çekinip durmaýarlar». (
Eýsem indi Sibire barýança ýol boýy wals tansyny eden Paulus bilen onuň aýalyny göz öňüne getirmek kyn zatmy? Göklerden eşidilýän mukam diňe bir olaryň kellelerinde ýaňlanman, eýsem, ol olary tans etmäge-de ruhlandyrdy. Paulus bilen aýalyny türmä salan we yzarlan adamlar olary aklyndan azaşan hasapladylar. Olar şondan başga näme pikir edip bilerdiler? Mesihe iman etmedik adam gökleriň sazyny eşidip bilmez.
Imana kesgitleme berýän Ýewreýlere hatyň ýazary hem hut şunuň ýaly keşbi şekillendirýär. 11-nji babyň birinji aýadynda: «Iman bolsa, umyt edilýän zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» — diýlip yglan edilýär. Ýujin Peterson bu aýady öz «Hatynda»: «Barlygyň düýpli hakykaty ine, şunda jemlenendir, Hudaýa bolan iman — bu ýaşaýşyň ähli manysyny düzýän zatlaryň berk binýadydyr. Bu biziň görüp bilmeýän zatlarymyz bilen gönüden-göni baglanyşygymyzdyr. Iman gahrymançylygy — bu biziň ata-babalarymyzy beýlekilerden ýokary galdyrmak bilen tapawutlandyran zatdyr».
Biziň Hudaýa bil baglan köp ata-babalarymyz bolupdy. Biziň ruhy ata-babalarymyz ýa-da Ýewreýlere hatyň ýazarynyň atlandyryşy ýaly, «köneler» bary-ýogy gelejegiň nyşany bolup gulluk eden keşbini yzygiderli ýygnadylar. Olaryň görünmeýän zatlary öňünden görme ukyplary olary iman adamlary hökmünde tapawutlandyrdy. Ýöne hereketleriniň diňe baky ýaşaýşa berlen wada bilen kesgitlenmegi olary gahryman etdi.
Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda sanalyp geçilenler öz sylaglaryny we gutarnykly ýeňşi diňe göz öňüne getiren bolsalar-da, esasynda edil gelejegi eýýäm gelen ýaly hereket etdiler. «Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar» (Ýewreýler 11:13); «[Musa] Görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýewreýler 11:27). Bu meşhur aýallar bilen erkekler diňe «gökdäki walýutany» gymmat hasapladylar, emma bütin dünýä olaryň puluny bary-ýogy ýönekeý kupon hasaplady.
Portretleri Ýewreýlere hatyň «dogry adamlar sergisinde» asylgy duran adamlar babatdaky hakykat bolan zatlar Isa babatda hem hakykatdyr. Mukaddes Kitabyň baplara bölünmeginiň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylyp edilmändigini hemmeler diýen ýaly bilýär. Baplara bölünme Mukaddes Kitabyň okalyşyny aýatlar arkaly ýeňilleşdirmek maksady bilen irki redaktorlar tarapyndan girizilipdir. Bu baplara, aýatlara bölünme hemişe şowuna düşüp durmandyr. Mysal üçin, Ýewreýlere hatyň 12-nji baby: «Ine bizi gurşap alan... barlygyna görä (rus terjimesinde
Eger bu iki baby şunuň ýaly tertipde okasak, onda ynam gahrymanlary hökmünde ady agzalanlaryň arasynda Isa hakykatdan hem birinji ýerde bolup çykýar. Ol sanawda iň soňky bolup durýar. Bizi öz ýaryş ýoluny ylgap geçen ynam gahrymanlaryny ýada salmaklyga çagyrýarlar, ýöne ynam gahrymanynyň göreldesi hökmünde biz Isadan ugur almalydyrys. Siz Ýewreýlere hatyň 12-nji babynda ýazaryň näme edenini duýduňyzmy? 11-nji bapda eden zadyny edipdir, ýagny ol näme üçin Isanyň hereketleriniň gahrymançylykly ynamyň nusgasydygyna uly bolmadyk «redaktorlyk» düşündirişini goşýar. Durmuşynda köp külpetleriň bolandygyna garamazdan, Isa Mesihiň hemişe Gökdäki Atasynyň erkine boýun bolandygy bize mälim. Bize şeýle hem Onuň nädip beýle boýnusynyk bolandygyny-da düşündirýärler. Munuň sebäbi Mesihiň nazarynyň hemişe gelejege gönükdirilendiginde jemlenendir. «...Ol öňünde goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermedi...» (Ýewreýler 12:2). Başga sözler bilen aýtsak, biziň gutulyşymyz üçin töleg tölemeli bolanda Halasgärimiz «bakylyk walýutasyny» ulandy. Bu bolsa Ondan janyny talap edipdi. Gelejegi göz öňünde tutup, häzirki zamanda çözgüt kabul etdi, entek bolmadyk zatlaryň bardygyny bilip, dünýäde bireýýämden bar bolan ýoly saýlady.
Bu Isanyň eden işine gelejek baradaky biliminiň görkezme berşiniň birinji gezegi däldi. Haça çüýlenmeziniň öň ýanyndaky gijede özüne nämäniň garaşýandygyny bilse-de, Halasgär Öz kalbyny gurşan adam gorkusyny ýeňdi-de, Özüni hakyky ynam gahrymany ýaly alyp bardy. Kiçigöwünliligiň ýokary bahasyny tölemek üçin Isa ýene-de «bakylyk walýutasyny» ulandy. Ýahýa öz Hoş Habarynyň on üçünji babynda bize bir jaýyň penjirejigini çalaja açyp görkezýär.
Isa bilen resullar Pesah baýramyny bellejek bolup ýygnanypdyrlar. Nahar iýýän wagtynyň arasynda Reb pursatdan peýdalanyp, resullaryndan garaşýan häsiýetiniň nusgasyny olara görkezme kararyna gelýär. Öýde resullaryň hapa aýaklaryny ýuwar ýaly hyzmatkäriň ýokdugy sebäpli (olaryň hiç haýsysynyň beýle etmekligi teklip etmändigi üçin) Isa jogapkärçiligi Öz üstüne aldy. Egnine süpürgiç atyp, eline legeni alyp, Isa birin-birin şägirtleriniň aýagyny ýuwdy.
Bu parçanyň üstünde oýlananyňyzda, hoşniýetli gullugyň nusgasyny görkezmek üçin Isanyň Özüni kiçeltmäge taýyn bolup düşen derejesiniň akyl ýetirerden kyn bolandygyna düşünersiňiz. Bu düýbünden akla sygmajak we hakykata dogry gelmeýän zat bolupdy. Hudaýyň Özi dyza çöküp, şägirtleriniň aýagyny ýuwdy. Ol munuň nähili kemsidiji işdigine-de üns bermedi. Onuň bu eden işi öňde duran ýigrimi dört sagadyň dowamynda bolmaly zadyň weliligidi.
Isanyň nädip birneme wagtlyk Özüniň Hudaýlyk erkygtyýaryny unudyp, munuň ýaly kyn işi edendigine düşünmäge bize Ýahýa kömek edýär. Ýahýanyň Hoş Habarynda biz şunuň ýaly sözlere gabat gelýäris: «Isa Atanyň ähli zady Öz eline berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gaýtjakdygyny bilip, nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady» (Ýahýa 13:3-4). Isany beýle iş etmäge Onuň ýerdäki ýaşaýşyň aňyrsyndaky görýän zatlary ruhlandyrdy. Ol beýik çyzygyň aňyrsynda Özüne garaşyp duran şöhraty gördi. Şuny görüp bilme ukybynyň kömegi arkaly Ol ýerdäki durmuşyň Özi üçin aňladýan ähli zadyny, ýagny kemsidilmäni, ret edilmäni, adalatsyzlygy çekmäge taýýardy, gazaply ölüme gitmäge-de taýýardy. Bu zatlaryň hemmesiniň Öz beýik ýolunda geçmeli bolan tapgyrlarydygyny Ol bilýärdi.
Baky durmuş barada bilýändigi üçin Isa jemgyýetde kabul edilen gymmatlyklara hem-de şertlere garaşly däldi. Öňde duran zatlary görendigi üçin Ol meýletin jahankeşde boldy. Ol ýeriň ýaşaýjysy däldi. Ol bu ýerde Özüniň ýöne bir wagtlaýyn ýaşaýan bigänedigini bilýärdi. Ol Özüni bu ýere «uýgunlaşdyrmaga» edilen her bir synanyşyga akylly-düşünjeli garşy çykdy. Ol özüni Reb hökmünde ykrar edenleri hem şeýle etmäge çagyrýar.
Aşakdaky soraglara jogap bermek bilen öz nazaryňyzyň nirä gönükdirilendigini barlap görüň: «Haýsy — ruhumy ýa-da maddy — gymmatlyklar siziň durmuşyňyzyň esasyny düzýär? Siz haçan nazaryňyzy Isadan aýyrmaga meýilli bolýarsyňyz?»
Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda «şöhrat sergisini» düzüji, geljekki baky durmuşyň wadalaryna esaslananlaryň özlerini bu dünýäde jahankeşde hem gelmişek saýandyklaryny aýdýar (Ýewreýler 11:13). Düwen düwünçegiňi çöşläp, göklere syýahatdan boýun gaçyrma pikiriniň nähili imrindirijidigine garamazdan, Hudaýyň Patyşalygyna barýan ýolumyzda saklanmaklyk diýseň eýmenç ýalňyşlykdyr. Nähili ýagdaý bolanda-da özüniň «turistik wizasyndan» ýüz öwrüp, bu dünýäniň raýaty bolma kararyna gelmeklik mesihi üçin pikirlenmän we oýlanyşyksyz edilen hereket hasaplanylýar.
Litwa kazyýeti tarapyndan günäli saýylan Niýole Sadunaýte höküm çykarylaryna garaşýardy. Onuň bar günäsi kommunistik ýurtda mesihi bolandygynda jemlenýärdi. Niýoleniň rehim edilmegini sorap ýalbarjagyna ynamly bolan kazy, oňa soňky sözüni aýtmaklygy teklip edýär. Emma Niýole ýylgyryp şeýle diýdi: «Bu gün meniň durmuşymdaky iň bagtly gündür. Meni hakykat we adamlara bolan söýgim üçin günäkärleýärler. Men munuň ýaly ykbal we beýik borç barada arzuw edip bilerdim. Maňa edilen höküm iň beýik ýeňşim bolar».
Eger dogrusyny aýtsak, onda bu gün biz Hudaýyň Patyşalygyna barýan ýolda öňki döwürlerdäki ýaly mukdarda adam görmeýändigimizi boýun almalydyrys. Gitdigiçe köp mesihiler özleriniň gelmişeklik çadyrlaryndan ýüz öwrüp, bu dünýäde betondan binýat gurjak bolýarlar. Munuň sebäbi, häzirki zaman öwrenijileriniň sözi bilen aýtsak, «ýatdan çykaryjylyk» sindromy bolup durýar. Gitdigiçe köp mesihiler, gahrymançylykly imany bolan adamlaryň kesgitleme boýunça «jahankeşde we gelmişek» bolandyklaryny ýatdan çykarýarlar.
Karen Berton Meýns özüniň «Ýürege duýduryş» diýen kitabynda Gökdäki Patyşalygyň raýatlarynyň öz pasportyna garamagy ýatdan çykaran wagty näme bolýandygyny suratlandyrýar. Häzirki zaman mesihileriniň hereketleri boýunça baha bersek, onda adaty jemgyýet bilen mesihileriň arasynda hiç hili diýen ýaly tapawut görünmeýär. Mesihiler ruhy zatlara garanda göwün açyjy zatlara ýedi esse köp wagt sarp edýärler. Mesihi maşgalalarynda terbiýelenen ýaşlaryň üçden bir bölegi diýen ýaly, ene-atasynyň öýüni taşlap gidenden soň hem ýygnaga gelýärler. ABŞ-da Barnyň Öwrenji toparynyň ýokardan doglanlaryň arasynda geçiren sorag-jogap alşygynda bir zat anyklanyldy. Sorag berlenleriň ýekejesi-de durmuşynyň ýeke-täk we baş maksady Isa Mesihiň wepaly şägirdi bolmaklyk hasaplamaýar.
Meýns şeýle ýazýar: «Durmuşa edilen bu syýahat mesihi üçin ýakymlydyr diýip bolmaz. Häzirki zaman günbatar medeniýetinde ýygnagyň ýüregi howp astynda. Biz bu zatlara uýgunlaşmaga özümize ýol berýäris. Özümiz bilen daşymyzy gurşap alan dünýäniň arasynda görnüp duran tapawut ýok. Munuň üstesine-de, biz şu dünýä ýaly bolmak isleýäris… Bu bigäne medeniýete syýahat edip ýörkäk, duşman biziň pasportlarymyzy ogurlaýar. Biz bolsa özümiziň bu dünýäde gelmişek hem mysapyrdygymyzy ýatdan çykarýarys» (17 sah.).
Munuň nähili bolup geçýändigine düşünmek aňsatdyr. Bize lezzet, häkimlik we dereje teklip etmek bilen dünýäniň özüne çekiji zatlary bizi maýyl edip, synaga salýar. Biz hem edil Esaw ýaly, öz nowbaharlygymyzy bir tabak nahara satyp, gelejegi häzirki zada çalyşýarys (Gelip çykyş 25:29-34 seret).
Gelejekden nazarymyzy aýyrmaga meýil etdirýän sebäpleriň biri-de, bu häzirki zaman ylahyýetidir. Soňky on iki aýyň dowamynda gökler hakda näçe gezek wagyz sözüni eşidendigiňizi ýadyňyza saljak boluň. Eger siziň ýygnanyşygyňyz hem beýleki ýygnanyşyklaryň köpüsine meňzeş bolsa, (elbetde, soňky ýoluna ugradyş çäresindäki çykyşlary hasaba almasaň) onda ýekeje gezek hem eşiden däl bolmagyňyz mümkindir. Münberde durup Hudaýyň Sözüni wagyz edýän adam gelejegiň keşbini suratlandyrmaýar. «Gözleýänleriň» ünsüni çekjek bolup, wagyzçylar gelejekki däl-de, häzirki zatlara degişli gürrüňleri etmäge ýykgyn edýärler. Wagyz sözleri ýygnanyşyga gelýän adamlaryň belli bir mätäçliklerine gönükdirilýär. Ruhy çopanlar häzirki zaman medeniýetiniň şertlerinde we häzirki zaman nesil üçin biziň gazanmaly bolan, Isanyň hem ýere iberilmeginiň sebäbi bolan «gurply ýaşaýşymyzyň» nämäni aňladýandygyny düşündirmek üçin kämilleşýärler. Ýöne beýle etmek bilen ruhy çopanlar daýanç nokadyny tiz ýitirýärler-de, talaplaryny şol pursatda kanagatlandyrmagy isleýänleriň pidasy bolýarlar. Hudaýyň Patyşalygynyň öz gutulyşymyzyň maksadydygy hakda gürrüň berýän wagyz sözlerini bu gün az eşidýäris. Gündogar Ýewropadan bolan ýaş mesihi Ýon Lugaýanu Mesihe iman edeni üçin tussag edilip türmä basylýar. Höküm çykarylyp, kamera gaýdyp gelenden soň, tussaglar ondan sudda näme bolanyny soraýarlar. Şonda Ýon şeýle jogap berýär: «Bu Isanyň ejesi Merýeme perişdäniň görnen günündäki ýaly bir zat boldy. Ine, Hudaýdan gorkýan, ýekelikde oýlanyp duran ýaş zenan. Hudaýyň şöhle saçyp duran perişdesi oňa gaty tolgundyryjy täzeligi habar berýär. Merýeme öz göwresinde Hudaýyň Ogluny götermek garaşýar». Ýonuň sözleriniň sudda bolan zatlar bilen näme baglanyşygynyň bardygyna düşünmedik tussaglar ony ünsli diňlediler. Ýon Isa hakda gürrüň bermesini dowam etdirdi. Ol öz sözlerini: «Merýem göklere baranda, ýene-de Isa bilen bir ýerde bolup, baky şatlygy görjegini bilýärdi» diýmek bilen gutardy.
Geň galan tussaglar özleriniň sudda näme bolandygyny sorandyklaryny Ýona ýatladýarlar.
Ýon ýylgyryp: «Maňa ölüm jezasyny berdiler. Eýsem bu gowy dälmi?» — diýip jogap berýär. Perişdäniň Merýeme getiren habarynyň edil özüne berlen jeza ýaly, ajyly süýji bolýandygyna Ýon düşünýärdi. Ýon hem edil Merýem ýaly, Isanyň ýanyndaky baky durmuşa şatlyk bilen garaşýardy. Ýon öz ynanjy barada batyrgaýlyk bilen gürrüň berip bilýärdi, sebäbi onuň nazary gelejege gönügendi.
Elli ýyl mundan ozal çap edilen mesihi aýdym kitabynyň mazmunyna serediň, onuň içinde mesihiniň geljekki durmuşa bolan ynamyna bagyşlanan näçe sany nagmalar bar. Siz gaty geň galarsyňyz diýip pikir edýärin. Eger taryhyň jümmüşine has çuň aralaşsaňyz, onda ata-babalarymyzyň geljekki durmuşyň soňky umydy hökmünde berk ýapyşan dürli nagmalary hakdaky şaýatlyklary köp taparsyňyz.
Olga Uotland şunuň ýaly adamlaryň biri bolupdyr. XX asyryň başlarynda doglan bu zenan terkidünýä durmuşda ýaşapdyr. Maşgalanyň ferma işlerine kömek etmek üçin ol mekdebi dördünji synpda taşlamaly bolupdyr. Durmuşa çykandan soň bolsa ol öý hojalykçy bolupdyr. Olga hiç haçan hem maşyn sürüp görmändir, öýünden uzaga-da örän seýrek gidipdir. Ýöne bu sowatsyz aýalda çyn iman bolupdyr. Onuň imanyna hemme tanyşlary geň galmak bilen guwanypdyrlar. Olga üç çagany, ýagny bir ogly we iki gyzy ösdürip ýetişdirýär. Çagalarynyň her biri ejesiniň görkezen ajaýyp göreldesinden, ýagny ejesiniň Hudaýyň öňündäki dogry hereketlerinden ägirt uly bähbit tapdy. Olganyň çagalarynyň hemmesi-de soňy bilen Hudaýyň gullukçylary boldular.
Olga Uotland diňe bir ýuwaş we berk iman bilen däl-de, içki nazarynyň göklere gönügendigi bilen hem tapawutlanypdyr. Maşgala ýagdaýy oňa doly bilim almaga ýol bermändir, ýöne sekiz agtykly bolan bu mamanyň özi elektroorgan, gitara, dodak garmonyny çalmaklygy özbaşdak öwrenipdir. Onuň agtyklary özlerini Uotland mamalarynyň taýýarlyksyz gurnalan konsert bilen güýmeýşini köp ýatlaýarlar. Ýerdäki bolup geçýän zatlaryň bary-ýogy geljekki durmuşa jemleýji taýýarlykdygyna berk ynanandygy üçin (elbetde, onuň özüniň hem ene-atasy, çagalykda ýogalan inileridir uýalary bilen göklerde duşuşmagy bütin kalby bilen isländigi üçin hem) Olganyň aýdymlarynyň aglaba bölegi Hudaýyň Patyşalygy hakda bolupdyr.
Şunuň ýaly aýdymlaryň biri-de XX asyra, adamlary howa gämisi kimin iki baka daşan meşhur «Gindenburg» dirižablyny göreniňde nebsiňi agyrdan ýyllaryna degişlidir. Ol aýdym takmynan şeýleräkdi:
Olganyň göklere bagyşlanan ýene bir aýdymynda ejesi bilen aýaly bimahal dünýäden giden bir ýaş maşgalanyň agyr derdi barada gürrüň berilýär. Bu aýdym entek awtomatik telefonlaryň bolmadyk, telefon operatorynyň («merkeziň») telefon jaňlaryny el bilen birikdirýän döwürlerini ýadyňa salýar.
Öz ýygnanyşygyňyzda siziň Olga Uotlandyň düzen aýdymlaryny aýtmadyk bolmagyňyz mümkindir. Ýöne «Hemmämiz göklerde bolanymyzda», «Şapakdan soň», «Meniň öýüm bu ýerde däl», «Ol bize göwher gapylary açar», «Biz seniň bilen duşuşarmykak?», «Isa bilen ýüzbeýüz bolmak» diýen ýaly aýdymlary aýdan bolmagyňyz gaty ahmal. Şu aýdymlary aýdanyňyzda, ähli döwürleriň mukaddesleri bilen keramat arkaly birigişiňiziň suraty aňyňyzda çekilendir. Çagakaňyz gökler baradaky aýdymlary aýdanyňyzda, iň gowy zadyň entek gelmän indi geljekdigi üçin mesihileriň hemişe ýagdaýlardan öňürdýändigine akyl ýetirmäge synanyşansyňyz.
2001-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 28-inde dört ýaşlyja Kindza al-Atta öz kakasy ruhy çopan Emmanuil Attanyň öldürilişiniň şaýady bolmaly boldy. Ýere ýykylyp, o dünýä gitmezden öň, özüniň uly gara gözlerine kakasynyň soňky gezek söýgi bilen garanyny görendigini gyzjagaz gürrüň berýär. Bir sekund mundan ozal ol münberde durup, Hudaýy şöhratlandyryp durdy, bir pursatdan soň bolsa, kiçijik ýygnanyşyk jaýyna ýaragdan ot açyp okdurylyp giren yslam terrorçylarynyň nyşanasy boldy.
Elbetde, Emmanuiliň kiçijik gyzjagazy Olga Uotlandyň köne aýdymlaryny hiç haçan eşitmändi. Ýöne Kindza al-Atta Gökdäki Patyşalygyň hakykatdan hem bardygyna gürrüňsiz ynanýar. Kindzadan kakasynyň nirededigini soranlarynda, ol: «Kakam göklerde Isanyň ýanynda» diýip jogap berýär. Kindza bu takwalyk sapagyny yzarlanylýan Ýygnagyň çekýän ejirini şahsy tejribesinde göreni üçin özleşdirdi.
Wagyz Kitabynda Hudaýyň «adamlaryň ýüregine parahatçylyk salandygy» (Wagyz Kitaby 3:11) barada gürrüň berilýär. Şonuň üçin hem dört ýaşlyja çaganyň biziň gözümizden gizlin bolan dünýä akyl ýetirip bilýändiginde hiç hili geň-taň zat ýokdur. Hudaýyň baky Patyşalygy hakdaky bilimiň bize doglan wagtymyzda berilýändigini Süleýman aýdyp geçipdir. Özüniň kiçijik durmuş tejribesiniň bardygyna garamazdan, Kindza hemme zadyň Hudaýyň elindedigini bilýär. Ýürejigi paralanan bolsa hem ol ejesiniň Gökdäki Ata barada berýän gürrüňleriniň hemmesine ynanýar. Gyzjagaz bar kynçylyklara we ejirlere garamazdan, özüne Rebbiň kömek edýändigine ynanýar. Ol Rebbiň maksadynyň ahyrsoňunda bu durmuşdaky bagtdan has beýik zady öz içine alýandygyna ynanýar. Atasyz çagalygyň kynçylyklarynyň hemmesiniň hötdesinden gelmäge Rebbiň güýç berjekdigine ol ynanýar. Özüniň güýçli mesihi bolup, baky sylagy aljakdygyna-da ynanýar.
Häzir Kindza we onuň maşgalsy «Azap çekenleriň sesi» guramasynyň üsti bilen maddy kömek alýar. Bu bolsa şol Garaşsyzlyk aýynyň säheri, yslam terrorçylary Kindzanyň kakasyny atanda, öz başlaryndan inen agyr maddy ýüküniň hötdesinden gelmäge olara kömek edýär.
Gahrymançylykly ynam diňe bir ýüzüne gasyn düşenlerde bolmaýar. Onuň nusgasyny geljege ýagdaýlaryň üstünden garaýan hemme döwrüň mesihileri döredýär. Ata-eneleri wepat bolan ýa-da türmä salnan çagalar doglan wagtlary Hudaýyň öz ýüreklerine eken parahatlyk tohumynyň öz islegleri bilen şineleýändigini görýärler. Pajygaly wakalar netijesinde öz synpdaşlarynyň ömür tanaplarynyň üzülenini görmeli bolan ýetginjekler häzirki dünýäniň aňyrsyna adatdan daşary tär bilen garap bilýändiklerini görýärler. Iş orunlarynyň kemeldilendigi sebäpli işden çykarylan orta ýaşly gullukçy bu dünýäniň öz wada beren howpsuzlygy bilen üpjün edip bilmejekdigini görýär. Lyžada typyp ýörkä bolan bolgusyzja betbagtlygyň netijesinde ysmaz bolan ýaş ene «täze asman we täze ýer» baradaky şygyry uly gyzyklanma bilen okaýar. Esasynda ýagdaýlaryň hemmesindäki imany hem Hudaý bilen baky baglanyşyk hökmünde gahrymançylykly diýip atlandyrsa bolar. Iman etmek bilen biz geljek baky durmuşa öňünden begenip ýaşaýarys. Mesihileriň güýçli yzarlanylýan döwründe ispan häkimiýetiniň buýrugy bilen Antonio Gerreseuellony otda ýakanlarynda, ol ruhy taýdan has-da köpräk ejir çekdi. Antonio aýalynyň jezadan sypmak üçin Mesihe bolan ynamyndan el çekendigini eşitdi. Antonio hem edil aýaly ýaly, öz janyny halas edip, ömürlik tussaglyga hokum etdirilip bilerdi. Şonda günleriň birinde ony azatlyga çykaraýmaklary-da mümkindi. Şeýle bolanda ol ýene-de aýalynyň ýanynda bolup-da bilerdi.
Emma ol imanyndan el çekmedi. Esgerler özüni sütüne daňmazdan öň onuň aýdan iň soňky sözleri: «Haýyş edýärin, Isanyň ýanyna gaýdyp gel-de, gutulyş al. Biz seniň bilen göklerde birigeris. Haýyş edýärin, Mesihe gaýdyp gel!» — diýip, aýalyna ýüzlenip eden ýalbaryşlary boldy. Ýerde birikmäge umydy bolmany üçin ol aýalynyň ýanynda bakylykda bolmak isledi.
Antonio ölenden soň, onuň aýaly ömürlik tussaglykda bolmak üçin türmä getirildi. Ol sekiz ýylyň dowamynda hem Hudaý, hem özi bilen göreşdi. Ol imanyny ret edeni sebäpli rahatlyk tapyp bilmeýärdi.
Ahyrsoňunda ol XVI asyryň yzarlaýjylarynyň haýbatyna garamazdan, Mesihi ret etmesinden ýüz öwrüp, Oňa bolan imanyny köpçülikleýin ykrar edýär. Kazy oňa täze hokum çykarýar. Bu gezek ol aýaly otda ýakmak arkaly ölüm jezasyna höküm edýär.
Aýal öz kysmatyna ýeňillik bilen kaýyl bolýar, sebäbi ahyrsoňunda kalbynda rahatlyk duýupdy. Özüniň Antonio aýtjak ilkinji sözleriniň imana gaýdyp gelendigi barada boljakdygyny ol bilýärdi.
Öz nazarymyzy gelejege gönükdirmek üçin biziň eýýäm şunuň ýaly nazary bar bolan adamlar bilen hemişe gatnaşykda bolmagymyz zerurdyr. Olar bize «Mesihe seredip» we Onuň wadalaryna ynanyp ýaşamagyň nämedigini görkezerler. Siz nazary gelejege gönügen adamlar bilen yzygiderli gatnaşýarsyňyzmy? Olar bilen dostlaşyp, siz güýçlenersiňiz.
Şeýlelikde, siziň nazaryňyz nirä gönügen? Ýerdäki ýaşaýşyň entek hemmesi däldigini siz görýärmisiňiz? Siz her gün we her sagatda Mesihe «seredýärsiňizmi?» Siz gökdäki öýüňizde boljak pursatyňyza garaşýarsyňyzmy? Eger «ýok» bolsa, onda siz şowalygy bejerýän düzgünnama mätäçsiňiz.
• Öz hazynasyny nirede saklaýan bolsa, adamyň ýüreginiň hem şol ýerde bolýandygyny Isa aýtdy (Matta 6:21). Şonuň üçin durmuşy Hudaýyň nukdaý-nazaryndan görmekligiň tärleriniň biri-de «hazynany göklerde ýygnamakda» jemlenendir (Matta 6:20). Adamlaryň syrkaw bolýan we ölýän ýerleri bolan keselhanalara we garrylar öýlerine baryp görüň. Olar bilen gürleşiň we bile doga ediň. Bu size bakylyk barada pikirlenmäge we gelejege garap ýaşamaga kömek eder.
• Haýsy agyryly kynçylyklar (lapykeçlik, gaýgy, dini yzarlamalar, depressiýa ýa-da ezýet) siziň gözüňiziň öňüni tutup, geljege seretmäge päsgel berýär? Hudaý bilen bu zatlar barada gürleşiň-de, durmuşy Özüniň görşi ýaly görmeklige kömek etmegini haýyş ediň.
• Siz nähili pikir edýärsiňiz, edil ýerdäki durmuşdan başga zat ýok ýaly, adamlar nähili durmuşy ýa-da gymmatlyklary saýlaýarlar? Siziň durmuşyňyz olaryň durmuşyndan nähili tapawutlanýar? Siziň durmuşyňyzda geljekden öz nazaryňyzy aýrandygyňyzyň alamaty barmy? Hemişe «Mesihe göz dikmegiňiz» üçin siz durmuşyňyzda nämeleri üýtgetmeli?
• Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Kitap ýerdäki we geljekki durmuş barada hakykaty gürrüň berýär. Hudaýyň ýerdäki durmuş barada näme pikir edýändigine düşünmegiň ýeke-täk ýoly — bu Onuň şol durmuş hakda näme diýýändigini bilmeklikdir. Siz bir hepdäniň dowamynda Mukaddes Kitaby okamaklyga näçe wagt sarp edýärsiňiz? Hoş Habarlaryň birini alyň-da, Isanyň Öz Patyşalygy hem-de baky durmuş hakda näme diýýändigine üns berip, onuň üstünde ürç edip işläň.
• Siz soňky gezek kimdir biri bilen Hudaýyň Patyşalygy (baky durmuş) barada haçan gürleşdiňiz? Gökleriň özüňize garaşýandygyny bilýändigiňiz umydyňyzy saklamaklyga näderejede size kömek edýär?
2 bap
Hudaýa bil baglamaklyk
Iki ýyl mundan ozal on sekiz ýaşly Ýohannes Mantahari Indoneziýanyň Halmahera adasyndaky kiçijik obada ýaşaýardy. Bir gezek ony gije sagat üçde ukudan oýaryp, obanyň golaýynda «Laskar jehady» guramasynyň söweşijileriniň toparynyň bardygynyň bilnendigini, şol galtamanlaryň Ýohanneslere tarap gelýändiklerini habar berdiler. Ýohanness gaçmaga synanyşdy, ýöne takmynan ýigrimi adamdan ybarat bolan yslam ekstremistleriniň topary tarapyndan tutuldy.
Olaryň bäşisi ony ýere çüýledi. Ýohannes gaçyp gitmez ýaly, galtamanlaryň onusy onuň töweregini gurşady, ýene-de bäşisi samuraý gylyjy bilen ony öldürmäge taýýar bolup, üstüne abanyp durdy. Ýohannesden musulman bolmak isleýändigini ýa-da ýokdugyny soradylar. Ol islemeýändigini aýtdy. Çozup gelenler eger oglan özleriniň dinine gelmese, onda ony öldürjekdiklerini aýtdylar. Özüniň gutulyşyna ynamly bolan Ýohannes ölmäge taýýardygyny aýtmak bilen jogap berdi.
Galtamanlaryň biri gylyjyny Ýohannesiň çep egnine sançdy. Beýleki biri bolsa, onuň ýeňsesinde gylyjyň yzyny galdyrdy. Galtamanlar Ýohannesi öldürjek bolup, onuň arkasyna we aýaklaryna ýara baryny saldy. Soň olar onuň pers-ala edilen bedenini banan ýapraklary bilen gömdüler-de, ýakmakçy boldular. Emma ýapraklar öl bolany üçin ýanmady. Şonuň üçin hem galtamanlar ahyrsoňunda Ýohannesi özi öler ýaly taşlap gitdiler.
«Laskar jehadynyň» söweşijileri jeňňellikde ýitip gidenlerinde, Ýohannes ganyny sarkdyryp galypdy. Ýohannes soňky deminde Hudaýy kömege çagyrdy. Birden garaşylmadyk ýagdaýda ol üstündäki banan ýapraklarynyň topbagyny aýryp, süýrenip jeňňelligiň içine siňmek üçin ellerinde we aýagynda güýjüň bardygyny duýdy. Öz ganhorlarynyň gaýdyp geläýmek howpy sowulýança ol gowakda gizlendi. Soň ol Rebbi kömege çagyryp, jeňňelligiň içinde ondan-oňa aýlandy ýördi. Ahyrsoňunda ol hiç kime gabat gelmän, soňky sagadynyň ýetendigine gözi ýetip, surnukmadan ýaňa ýere ýazyldy. Ýohannes ýene-de Hudaýy çagyrdy, ýöne bu gezek doly tümlükde çagyrdy.
Birden ol kimdir biriniň öz egninden gujaklanyny we elinden tutanyny duýdy. Ol hiç kimi görmedi, ýöne kimdir biriniň özüni köşeşdirjek we ruhlandyrjak bolýandygyny duýdy. Ýohannes: «Sen kim. Sen bu ýere, jeňňelligiň içine nädip düşdüň?» diýip gygyrdy. Jeňňellik imi-salalyk bilen jogap berdi.
Ýohannese elini Degiren birden ýitip gitdi. Ýöne ýigit gudrat bilen özüne güýç gelendigini duýdy. Onda ýaşaýyş üçin göreşmäge ýeterli güýç peýda boldy.
Birneme soňurak Ýohannesiň garyndaşlarynyň biri ony jeňňellikden tapýar. Özüni köşeşdireniň Isadan başga hiç kim hem däldigine ynanýandygyny ýigidiň özi aýdýar, sebäbi ol jeňňelde ondan-oňa aýlanyp ýörende, san ýetmez jesetleri görüpdi.
Bu gün ýigrimi ýaşly Ýohannes tenindäki köp sanly ýara yzlaryny Isadan gelen hormatyň nyşany hasaplaýar. Ol öz ganhorlaryny bagyşlaýandygyny, sebäbi «Gökdäki Atamyzyň bizi-de bagyşlaýandygyny» aýdýar. Ol Isanyň: «Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz» (Matta 6:15) diýen sözlerine aňry ýany bilen düşünýär.
Ýohannes Hoş habarçy boljak bolup okap ýör. Onuň köp musulmanlary Mesihe getirmegi üçin öz janyny Hudaýyň halas edendigini aýdýar.
Ýohannes diňe Hudaýa bil baglap bilipdi. Onda başga saýlaw galmandy. Şu umydyň kömegi bilen ölmän galmagynyň ýekeje sebäbi — ol şoňa çenli her gün, hemme zatda we hemişe Hudaýa bil baglaýardy. Bu onuň endigidi we ýaşaýyş usulydy. Ýohannes bu gün hem Hudaýa bil baglamagyny dowam etdirýär.
Öňdäki bapda görşümiz ýaly, iman gahrymanlary güýji beýleki adamlaryň bilmeýän zadyndan, görünmeýän hakykatdan alýarlar. Iman gahrymanlary durmuşy Hudaýyň görşi ýaly görýär. Emma olaryň iň güýçlülerini-de, ylaýtada, kynçylyklaryň we ezýetleriň uzak gijelerinde şübhe horlap biler. Maşgalamyzdan we dostlarymyzdan aýra düşüp, daşymyz duşmanlarymyz bilen gabalanda, özümizden: «Hudaý niredekä?» ýa-da «Hudaý näme işleýärkä?», hatda «Näme üçin men şu güne düşmeli?» diýip soraýarys. Azap çeken mesihileri, ine, näme meşhur edýär. Olar iň garaňky günlerde-de öz ynamlaryna wepaly galýarlar we hemme zatda Rebbe bil baglamagyny dowam etdirýärler. Merdana koreý ruhy çopany öz ýurduna çozup giren kommunistik Demirgazyk Koreýanyň goşun ofiserine: «Siz meniň ruhumy däl-de, tenimi öldürip bilersiňiz» diýip aýdýar hem-de özüniň Mesihe bolan ynamy barada gürrüň bermesini dowam etdirýär.
Ruhy çopan Im gürrüň berdigiçe, ofiseriň gazaby güýçlendi. Ahyrsoňy ol gygyryp: «Sen özüň hakda pikir etmek islemeseň-de, ýakynlaryň barada oýlan. Biz olary hem öldüreris» diýdi.
Ruhy çopan Im ikirjiňlendi. Onuň özi synaglara taýýardy, öz maşgalasynyň hem synaglary başdan geçirmeli boljakdygy barada pikirlenmändi. Şeýle-de bolsa, maşgalasy üçin eden saýlawynyň näme aňladýandygyna düşünendigi üçin Im ofisere arkaýyn jogap berip: «Öz Rebbime dönüklik edip, olaryň janyny halas edenimden, aýalym bilen çagalarymyň meniň Oňa wepaly galandygymy bilip, siziň okuňyzdan ölenini gowy gorýärin» diýýär.
Ruhy çopany yzyna garaňky kamera äkidýärler. Ol iki ýylyň dowamynda Mukaddes Kitapdan özi üçin diýseň gymmatly bolan aýatlary aýtmak bilen teselli tapdy. Özüniň kiçijik bir adamlyk kamerasynda ruhy çopan Imiň parahatlyk we söýgi bilen Ýahýanyň Hoş Habarynyň 13-nji babynyň 7-nji aýadyny gaýtalaýandygyny tussaglar her gün eşidýärdiler. Bu aýatda Isa: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, oňa soň düşünersiň» diýýärdi.
Merdana ruhy çopan Im şübhäni ýeňip, Hudaýa doly bil baglamagy başardy, sebäbi ol Halasgäre ynanýardy we Onuň wadalaryny ýatda saklaýardy.
Uinton kollejiniň öňki rektory doktor Reýmond Edman öz talyplaryna şeýle diýýärdi: «Garaňkylyga sezewar bolanyňyzda, Hudaýyň nurda aýan eden zatlaryny hiç haçan hem şübhe astyna salaýmaň». Belki, biz hiç haçan hem Ýohannes Mantahariniň gününe düşmeris ýa-da ruhy çopan Im ýaly türmä salynmarys, ýöne başga kynçylyklaryň biziň gözümizi tutmagy mümkindir. Olar: «Reb bizi hakykatdan hem söýýärmikä, aladamyzy edýärmikä?» diýip oýlanmaga mejbur edýär. Edil şonuň ýaly pursatda-da biz Onuň «nurda» beren wadalaryny hem-de özümiz üçin eýýäm eden zatlaryny ýatlamalydyrys. Eger biz «Hudaýyň barlygyny tejribämizde ulanmagy» öwrensek, bu zatlar adaty tärde bolup geçer.
«Hudaýyň barlygyny tejribede ulanmak» diýen jümle XVII asyryň monahy Lorens dogana degişli edilýär. Onuň doga bagyşlanan kitaby şunuň ýaly atlandyrylýar. Nikolaý German Lorranskiý 1605-nji ýylda dogulýar. Edil beýleki adamlaryň hemmesi ýaly, ol durmuş ýolunyň nähili öwrümli boljakdygy barada jinnek ýalyjak-da pikiri ýokdy. Ýewropa goşunynda birnäçe ýyl gulluk edenden soň ol Karmelit monastyrynda täze durmuşa başlaýar. Ol şol ýerde başga at alyp, şol ady bilen hem taryhyň sahypalarynda galýar.
Lorens dogan üçin doga belli bir wagtda haçyň öňünde dyz epip ýat tutulyp aýdylýan tekstden ulurak bir zady aňladýardy. Doga etmeklik onuň üçin monastyr aşhanasynyň hapa polunyň üstünde dyz epmegi aňladýardy. Ol şol ýerde gündelik edýän işini edip ýörkä, ýagny pol ýuwup, kartoşka arassalaýarka, Hudaý bilen edil dosty ýaly gürleşýärdi.
Bagdaky haşal otlary goparan wagty ol Gökdäki Atasy bilen öz ýüregindäki aýyrmasy gerek bolan ösüntgiler barada gürleşýärdi.
Özüniň «Hudaýyň barlygyny tejribede ulanmak» diýen kitabynda Lorens dogan şeýle ýazýar: «Bütin dünýäde Hudaý bilen hemişe gürleşip durmakdan uly bagt ýokdur. Muňa diňe durmuşynda şunuň ýaly edip ýören we şunuň ýaly etme tejribesi bolan adamlar baha berip bilerler… Doga etme wagty beýleki wagtlardan tapawutlanýar diýip pikir etmeklik uly ýalňyşlyk bolar. Biz islendik işde-de, edil doga wagtynda bolşy ýaly, Hudaýdan berk ýapyşmaga borçludyrys».
Lorens doganyň sözleri bilen aýtsak, eger Hudaý bilen gürleşmäge hemişe açyk bolsak, eger Onuň bilen (diňe bir külpet içinde däl-de) hemişe gürleşsek, Oňa gulak assak, Onuň hereketlerini synlasak, onda başdan geçirmesi hemmämiziň maňlaýymyza ýazylan islendik synaglardan geçmäge taýýar bolýarys. Eger biz Hudaýa her gün iň adaty bolan işleri edýärkäk bil baglaýan bolsak, onda «tümlükdäki» ýagdaýlaryň basyşy astynda hem Oňa bil baglarys.
Lorens doganyň kitabyny okamaklyk biziň ynam gahrymanlary diýip atlandyrýanlarymyzyň hemmesine miýesser etmedi. Şeýle-de bolsa, olaryň hemmesi onuň syryny açdylar. Hudaýa bolan ynamyny akyl-düşünje bilen berkidip, olar resul Pawlusyň «dyngysyz doga ediň» (1 Selanikliler 5:17) diýen buýrugynyň hakykatdan hem ýerine ýetirip bolýan zatdygyny subut etdiler.
Hudaýyň barlygyny hemişe duýmaga bilgeşleýin synanyşýan adam, durmuşyň islendik oslagsyz kynçylygyny arkaýyn kabul etmäge ukyp tapýar. Bir adam şatlyk bilen şeýle diýdi: «Reb bilen bilelikde hötdesinden gelmedik işimiz ýokdur!» Gürrüň ähli kynçylyklar: puluň gutaran güni, özüniň manysyna şübhe döredýän işiňizdäki gapma-garşylyklar, ýetginjek ýaşyna ýeten çagalar sebäpli ýüze çykýan meseleler, olaryň däl-de, özüňiziň mamladygyňyzy bilseňiz hem kärdeşleriňiziň siziň hereketleriňiziň üstünden gülýän ýagdaýlary barada barýar.
Şunuň ýaly kynçylyklar size tanyşmy? Hudaýyň barlygyny tejribäňizde ulanyp başlamak üçin siz näme edip bilersiňiz?
Rebbe ýakyn bolmaklygyň adama betbagtlykdan we gussadan doly goragly bolmaklygy kepil geçmeýändigine Margaret Pauers gaty gowy düşünýärdi. Ýöne şeýle-de bolsa, şahsy tejribesinde, kyn pursatda Rebbe bil baglasak, lapykeçlige uçramajakdygymyzy görmeklik oňa miýesser etdi. Hanym Pauers özüniň meşhur «Çäge üstündäki aýak yzlary» diýen şygyryny ýazýar. Ol bu goşgusynda düýşünde bütin ömrüni Reb bilen egin-egne degrişip kenarda ýöräp barýan adamy suratlandyrýar. Çägäniň ýüzündäki iki jübüt aýak yzlary munuň hakykatdan hem şeýledigini tassyklapdyr. Emma bu adam durmuşynyň iň kyn döwründäki aýak yzlara garanda, ol bir jübüt aýak yzlaryny görýär. Ol adam haýran galyp: «Be, Reb nädip munuň ýaly pursatda meni ýeke taşlap bildikä?» diýip pikir edýär. Bu pikir hakykatdan daşdady. Aslynda şol kyn pursatda Reb ony ellerinde göteripdi.
Margaret Pauers bu ruhlandyryjy setirleri geçen asyryň ortalarynda ýöne ýere ýazmady. Ol bu sözleriň hakykylygyny öz tejribesinde görüpdi. Ol adamsy bilen Britan Kolumbiýasyna göçende, bu goşgy hem edil beýleki ýüzlerçe goşgulary ýaly, ogurlanylýar. Mundan soň ýigrimi ýylyň dowamynda onuň «Çäge üstündäki aýak yzlary» diýen eseri «Ýazary näbelli» diýen bellik bilen plakatlarda, otkrytkalarda we kitabyň arasyna goýulýan ýörite kagyzjyklaryň ýüzünde çap edildi. Kanun boýunça ýazyjy zenanyňky bolan on müňlerçe dollar pullar şeýdip oňa hiç haçan hem tölenilmedi. Munuň tersine, neşirçiler onuň zähmetiniň arkasyndan gyzyla batdylar.
Margaret köp ýyllaryň dowamynda goşgynyň özüniňkidigini subut etjek bolup, biderek ýere urundy. Bu sözleri özüne Öz halkyny ruhlandyrmak üçin Hudaýyň berendigini ol bilýärdi. Emma ol indi Hudaý özüni terk eden ýaly duýýardy. Margaret Hudaýa mätäçkä, Ol nirede bolduka? Onuň Margaretiň ýazarlygyny bir hasabyny tapyp berip biljek subutnamasy nirede? Margaretiň bar edip bilen zady, öz meselesiniň çözülmegi we Rebbe bil baglap bilmegi üçin doga etmeklik boldy. Şeýle etmek bilen ol bir zady bildi, bu özüne gaty gymmat düşse-de, iň kyn ýagdaýlarda Rebbe doly ynanmaklygyň şeýle edeniňe degýändigini öwrendi. Ahyrsoňunda, Margaret şol goşgynyň ýazary diýlip ykrar edilenden soňky onuň alan tölegi, Gökdäki Atasynyň ellerinde tapan ynamlylyk duýgusy bilen deňäniňde, hiç zat bolup galypdy.
Dawut patyşa özüniň Ýahuda çölündäki ýolunda bir jübüt aýak yzyny köp görüpdi. Ol çykgynsyz ýagdaýda bolmanyň nämedigini gowy bilýärdi. Şunuň ýaly ýagdaýda ol 22-nji mezmury ýazdy. Dawudyň diýseň hakykaty aýdan bu mezmury: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň?» (Mezmur 22:1) diýen sözler bilen başlanýar.
Öz janyny halas etjek bolup ýörşüne Dawut özüni edil gözenekden daşary çykyp, göni pişigiň — özüniň kastyna çykan patyşanyň öňüne baryp düşen ýaly duýýardy. Her ädimde Saula duş gelýän Dawut Hudaýyň özüni terk edendigine haýranlar galýardy. Dawut Reb bilen bütin ömrüniň dowamynda gürleşýärdi, ýöne bu wagt gürleşmeýärdi. Häzir bolsa ol özüni goragsyz hem taşlaşylan ýaly duýýardy. Gowulyga-da hiç hili umydy ýokdy. Dawut: «Näme üçin meni halas ederden, ahy-nalamy eşiderden uzakdasyň?» (Mezmur 22:1) diýýär.
Şol wagtky Dawudy gurşap alan duýgulary kim başdan geçirip görmedi? Dawut: «Doga etmegiň näme peýdasy bar? — diýip, doly esas bilen sorap bilerdi. — Men ýeke-ýalňyz galdym. Kimdir biriniň meniň nalamy eşitjekdigine hiç hili umyt ýok. Eger Hudaý aýaga galaýmasa, hiç kim hiç zady üýtgedip bilmez». Size şunuň ýaly duýgular tanyşmy? Munuň nähili bolýandygyny, ýagny özüňi taşlanan ýaly duýmaklygyň nämedigini Ýohannes Mantahari bilýär. Muny Margaret Pauers hem bilýär. «Hudaýym, gündizine çagyrýaryn, emma Sen maňa jogap bermeýärsiň…» (Mezmur 22:2).
Ýöne 22-nji Mezmurda üýtgeşik bir zat bar, hatda Hudaýy tapyp biljegine hiç hili umydy bolmasa-da, Dawut özüniň Oňa bil baglaýandygy barada aýdýar. Dawut özüni terk edilen ýaly duýýardy, emma şonda-da dyza çöküp doga etmesini dowam etdirýärdi. Dawudyň närazylygyna açyk şaýatlyk edýän sözleri, gaharyň çogup çykan wagty Hudaýa bolan ynama dil ýetirmeklik däldi. Ol sözler Dawudyň lapykeçliginiň üstüni açýan bolsa-da, olar edil Rebbiň Özüne gönükdirilen doga peýkamlarydy.
22-nji Mezmury okamagymyzy dowam etdirsek, onda Dawudyň keýpiniň üýtgeýändigini görýäris. Ýagdaýa Hudaýyň gözegçilik edýändigine ynanmaga özünde hemme esaslaryň bardygyny hem-de halas bolmakda Oňa bil baglasa boljakdygyny Dawut ykrar edýär. Dawut üçin çägäniň üstündäki bir jübüt aýak yzy, Margaret Pauers üçin aňladan zady aňladýardy.
Geň galaýmaly, biz «ölüm kölegesi deresinde» ýöränimizde hem-de öz durmuşymyzda Rebbiň bardygyny ýatlamaga mätäç bolanymyzda, köplenç 23-nji mezmura ýüzlenýäris. Ýöne 22-nji mezmur hem edil şonça teselli sözlerini öz içinde saklaýar we 23-nji mezmura garanda has yhlas bilen aýdylandyr. 22-nji mezmur hasrata batan ýürek üçin umyt habarçysydyr. Mundan başga-da, bu mezmur özümize meňzeş bolan adamlaryň kalbyna göz aýlamaklyga bize mümkinçilik berýär. Ol şeýle hem bize Hudaý bilen durmuşymyzyň islendik döwründe (ylaýtada, imanymyz gowşap, Hudaýyň biziň bilen asla işi ýokdur öýdüp başlan wagtymyz) Hudaý bilen gürleşmäge rugsat berýär.
«Hudaýyň barlygyny tejribede ulanmak» düşünjesiniň gözelligi, onuň doganyň manysyny ýönekeýje we düşnükli kesgitläp bilýändiginde jemlenendir. Eger biz Hudaý bilen işe ýa-da mekdebe barýarkak, ýa-da nahar taýýarlaýarkak gürleşsek, onda bize dogry sözleri öz ýerinde ulanmagyň aladasyny etmeklik gerek bolmaz. Doga etmeklik — bu berjaý etmegi öwrenmesi wajyp bolan dessur däl-de, ýaşaýyş keşbidir. Eger Hudaý bilen yzygiderli gürleşip, Onuň bilen aç-açan bolýandygymyzy bilýän bolsak, onda Ondan kellämize gelen pikirlere ynansa boljakdygyny ýa-da ýokdugyny arkaýyn sorap bileris.
«Çäge üstündäki aýak yzlary» atly goşga ruhy we manysy boýunça meňzeş bolan Reg Simak tarapyndan hem gaty bir meşhur bolmadyk goşgy ýazylypdyr. Bu goşgy okyjyny, hatda, synaga düşüp, aljyraňňylyga özüni aldyrmaga taýýar bolan wagtynda hem Hudaýa ynanmaklyga ruhlandyrýar. Ýazar özümiziň Rebbe doly garaşlydygymyzy boýun almaklyga bizi çagyrýar.
Mährem Atam, deňziň bütin güýji bilen meni ýuw
Diňe Özüňden çykýan parahatlyk duýgusy bilen meni doldur
Dowluň çuň suwly akymy maňa düýbe çekme howpuny salsa,
Eýsem Sen kuwwatly tolkunlara meni asuda kenara çykarmagy buýurmazmyň?
Soň hem, haýyş edýärin, meniň üçin eýýäm eden zadyňy et-de,
Meni elleriňde göterip, kenar boýundaky çägeden yore.
Dogada özüňiň Hudaýa garaşlydygyňy boýun almaklyk, dogrudanam, iman gahrymanynyň alamaty bolýar, ýöne biziň içinde ýaşaýan jemgyýetimiz munuň ýaly usuly makul bilmeýär. Jemgyýet kimdir birine ýa-da bir zada garaşlydygyňy boýun almaklyk ejizligiňi görkezmek bolýar diýip pikir edýär. Ol öz ejizligiňi ýa-da fiziki we psihologiki ýetmezçiligiňi boýun almany ýazgarýar. Adamlar özleriniň daşky ýetmezçiliklerini gizlemek üçin her ýylda millionlarça dollar sarp edýärler. Şonça möçberdäki, belki ondan-da köpräk puly egin-eşige sarp edýärler. Olar öz switerindäki ýa-da köýnegindäki ýarlyga umyt baglaýarlar. Olar göwnüne ýaramak isleýän adamynyň, özleriniň durmuş maksadynyň ýokdugyny haýynlyk bilen görkezip duran gözlerine däl-de, eşigindäki ýarlyga seretmegini isleýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary döwlet hökmünde, garaşsyzlyk gazanmak üçin alyp baran urşunyň netijesinde döredi. Bu uruşda Amerikanyň gazanan ýeňşi, ezberlik bilen işlenilip düzülen, onuň garaşsyzlygyny yglan edýän resminama birikdirildi. Deklarasiýa Garaşsyzlyga diňe bir täze ýurtda syýasy sistema bolmaklyga ýardam etmän, eýsem, adamlaryň öňde goýan maksadyna öz güýçleri bilen ýetmekligini goldaýan klimaty hem döretdi. Ählumumy garaşsyzlygyň şunuň ýaly ýagdaýynda adamlarda özleriniň başga adamlara garaşlydygyna, umuman olara mätäçligine bolan şübheli garaýyşlar hem tiz ösdi.
Dawut patyşanyň ogly Süleýman kakasynyň öwretjek bolup jan eden zatlarynyň hemmesini öwrenmedi. Ol Dawut patyşanyň bile zyna eden aýalynyň ogludy. Süleýman kalby jynsy gatnaşyklardan doýmaz-dolmaz adam bolupdyr. Onuň ýüzlerçe aýallary we gyrnaklary bolupdyr. Süleýmanyň Wagyz Kitabyndaky boýun alan zatlary biziň öňümizde onuň gaty bir ýagty bolmadyk geçmişiniň penjiresini açyp görkezýär. Şeýle-de bolsa, paýhasly we baý patyşa bolan Süleýman öz kakasyndan Hudaýa garaşly bolmagyň gymmatyny bilmegi öwrenipdi.
Süleýman özüniň Tymsallar Kitabynda biziň üçin diňe bir Reb bilen hemişe gatnaşykda bolmanyň gymmatyna şaýatlyk galdyrman, eýsem, özüňiň Hudaýa baglydygyňy boýun almaklygyň akyldarlykdygyny hem aýdypdyr. Ol şeýle ýazýar: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda Ony tana, Ol hem seniň ýollaryňy dogrular» (Tymsallar 3:5-6).
Eger Süleýmanyň özi şu maslahata eýeren bolsa, onda öz durmuşynda eden ýalňyşlyklarynyň sanawy gysgarak bolardy. Emma, gynansakda, Rebden akyldarlyk alan patyşa, özüniň tymsallar Kitabynda ýazan hakykatlaryny durmuşynda ulanyp bilmändir. Şu sebäpli-de, biz Süleýmany gahrymançylykly ynamyň nusgasy bolan adamlaryň sanawyna goşmak mümkin däl diýip hasap edýäris. Bu sanawa her gün Hudaýyň hakykatynda bolmaklyga çalyşýan Todd Bimer ýaly adamlar girýär.
2001-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 11-ine çenli Todd Bimeriň ady köp adama tanyş däldi. Ýöne şol belli bolan hasratly günden başlap, onuň ady gahrymançylygyň we ynamyň sinonimi boldy duruberdi. Otuz iki ýaşly amerikan telekeçisi durmuşynyň soňky minutlarynda özüniň Hudaýa garaşlydygyny boýun alyp, Oňa dogada ýüzlenýär-de, Hudaýyň özüne edil howa ýaly zerur bolandygyny aýdýar.
Ähli sistemalaryň we ýolagçylaryň adaty barlagyndan soň
Mundan-da beter bir zadyň bolaýmagyndan heder eden käbir ýolagçylar hoşlaşmak üçin el telefonlaryndan dogan-garyndaşlaryna jaň edip başladylar. Todd hem bortdaky ýolagçylar üçin elýeter bolan telefonlaryň birinden peýdalandy. Ol özüniň göwreli aýaly Liza jaň edip bilmedi, ýöne ony GTE telefon kompaniýasynyň baş edarasynyň operatory bilen gürleşdirdiler. Todd uçaryň içinde şeýle elhenç zatlaryň bolup durandygyny gürrüň berende, operator ony GTE-niň ýolbaşçylarynyň biri bilen gürleşdirdi.
Eger wepat bolaýsa, onda iberen habaryny aýalyna ýetirmekligi Todd özüni telefonyň aňry ujunda diňläp duran aýaldan haýyş etdi. Aýal onuň sözlerini Liza hökman ýetirjekdigini wada berdi. Todd ölümiň gutulgysyzdygyna düşünendigi sebäpli howsala düşmedi. Ol gaty asudalyk bilen söhbetdeşinden özi bilen «Gökdäki Atamy» aýtmaklygy haýyş etdi. Aýal razylaşdy. Şeýdip, Todd özüni, maşgalasyny hem-de töweregini gurşap alan, akyl ýetirerden çökder gelýän ýagdaýy Gökdäki Atasyna ynandy. Bu Isanyň şägirdi hökmünde, ol özüne garşy günä edenleri bagyşlamalydygy baradaky hoşlaşyk ýatlamasy bolupdy. Dogasynyň soňunda: «Çünki Patyşalyk, güýç we şöhrat Seniňkidir. Omyn» diýen sözlerden soň, aragatnaşyk doly kesilmänkä, aýal Todduň: «Isa, maňa kömek et!» diýen sözlerini eşitdi. Şondan soň Todd terrorçylaryň üstüne bile topulmaklyga dil düwşen beýleki ýolagçylara ýüzlenip: «Taýýarmysyňyz? Ýörüň!» diýdi.
Todduň we beýleki ýolagçylaryň eden hereketiniň netijesinde terrorçylaryň meýilnamasy başa barmady. № 93 gatnawy ýerine ýetirýän uçar Pensilwaniýanyň adamsyz ýerinde ýere gaçyp, kül boldy. Uçaryň içindäkileriň hemmesi heläk boldy, emma ýerdäki ýekeje adama-da zeper ýetmedi.
Todd Isa bolan ynamynda hemişe-de berkdi. Ölüm tutyny syryp, Todduň ýüzüne göni garanda-da, ol gorkmady. Munuň sebäbi düşnükli. Bu ýaş mesihi özüniň her gün Hudaýa garaşlydygyny bilýärdi. Ol her gününi doga bilen başlaýardy. Ol özüniň iki ogly bilen her gün doga edýärdi. Todduň ene-atasy hemişe doga edýärdiler. Olar doga etmekligi ogullaryna-da öwredipdiler. Şol sebäpli-de Todd Reb bilen gatnaşygyň gymmatyny şolardan miras alypdy. Şol elhenç uçuş döwründe eden dogasyny Todd baryp çagalykda öz ejesinden öwrenipdi.
Todd ene-atasynyň ynamyny ýaşlykda kabul etdi. Ol öýlenip, ata bolandan soň hem Hudaýa ynanmagyny we Onuň parzlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirdi. Ölmeziniň öň ýanynda Todd aýaly Liza bilen Mukaddes Kitaby öwredýän topara gatnap başlapdy. Terrorçylaryň uçary eýelän pursatynda şu toparda näme bolanyny bilýärsiňizmi? Toparyň agzalary Lukanyň we Mattanyň ýazan ”Gökdäki Atam” diýen dogasyny öwrenýärdiler hem-de bu doganyň gündelik durmuşda nähili peýda berýändigine düşünmäge çalyşýardylar. Todd hem öz ömrüni hemişe edişi ýaly edip jemledi, ýagny ol dogada hemme zady Hudaýa ynandy we özüni Onuň eline tabşyrdy.
Todd Bimer Mesihe bolan imany sebäpli öldürilmedi. Şeýle hem ony «yzarlanan Ýygnagyň» agzasy hasaplamak hem bolmaz. Şonda-da, Todduň durmuşy Hudaýa bil baglap ýaşalan durmuşyň aýdyň mysalydyr. Öz ynamymyz sebäpli ezýet çekýändigimize, çekmeýändigimize garamazdan, Hudaý biziň Öz kuwwatyny ykrar etmegimizi, hemişe we hemme zatda, ýagny bir karara gelenimizde, geljegiň meýilnamasyny düzenimizde, uly bir işe başlanymyzda hem-de maşgala guranymyzda Oňa bil baglamagymyzy isleýär. Amerikan dollarlarynda: «Biz Hudaýa bil baglaýarys» diýen ýazgy bar. Bu gaty gowy eşidilýär, ýöne biz hakykatdan hem şeýle edýärismi? Ýa-da biz şol sözler ýazylgy bolan teňňelere ýa-da kagyz pullara bil baglaýarysmy?
Kommunistik Hytaýda mesihilik guramasynyň işinde işländigi üçin özüni tussag edenlerinde, Mi Ling entek gaty ýaşdy. Sorag edilen wagty dostlaryny — gizlin ýygnagyň agzalaryny — satmaga mejbur etjek bolup, polisiýa gyzy gynapdyr.
Ilki başda Mi Ling gorkupdyr, sebäbi özüniň bu gorkunç ýere düşmegine ýol beren Hudaýyň näme isleýändigine düşünmändir. Emma soň öz ruhy çopanynyň: «Bu durmuşda ezýetler diňe bir pursatlyk dowam edýär. Ondan soň bolsa biz bakylykda özümiziň ajaýyp Halasgärimiz bilen bolarys» diýip aýdan sözlerini ýadyna saldy. Ýaşaýyşda-da, ölümde-de Hudaýa bil baglap bolýandygyny Mi Ling bilýärdi.
Tussag edilip gynalan wagty nädip aklyndan azaşmandygyny soranlarynda, Mi Ling: «Gözümi ýumdum, şonda men özümi gynaýanlaryň ýüzlerinem görmedim, gynanlarynda ulanýan gurallarynam. Men yzyny üzmän, Mesihiň: “Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler” (Matta 5:8) diýip, özüme beren wadasyny içimden gaýtaladym. Men ýene bir zady bildim. Adamlaryň öňündäki gorkudan ýüregimi arassalanymda, men Hudaýy hakykatdan görmegi öwrendim. Men ejir çekenleriň ýoluny geçenlerden hem-de galan ähli zatlar ýitýänçä nazaryny diňe Hudaýa diken adamlaryň batyrlygyndan görelde aldym. Meniň agyra nädip döz gelýändigimi bilenlerinde, jellatlar gözümi ýummaz ýaly, gabaklarymy güýç bilen sakladylar. Emma olar gaty giç galypdylar, sebäbi eýýäm hiç zat meni Isadan nazarymy aýyrmaga mejbur edip bilmeýärdi» diýip jogap beripdir.
Mi Ling bu dünýä garaşly däldi, sebäbi özüniň Hudaýa garaşlydygyny yglan edipdi.
• Öz ejizligiňi boýun almaklyk — bu Hudaýyň barlygyny duýmaklyk şatlygynyň açarydyr. Adaty doga edişiňiziň deregine, Hudaýa çyn ýürekden we kaýyllyk bilen ýüzlenmäge synanyşyň.
• Durmuşyňyzdaky Hudaý özüňizi terk edendir diýip pikir eden, ýöne aslynda Onuň sizi ellerinde göterendigine düşünen ýagdaýlaryňyzy ýada salyň. Şunuň ýaly ýatlamalaryňyzy ýazyň. Şol ýatlamalary Reb özüni terk eden hasaplaýan adamlar bilen paýlaşmaga Hudaý sizi ruhlandyranda ulanmak üçin şaýatlyk hökmünde saklap goýuň.
• «Men durmuşda kime bil baglaýaryn?» diýen soraga dogry jogap beriň. Soň öz jogabyňyz barada Hudaý bilen gürleşiň-de, durmuşda diňe Özüne bil baglamaklyga güýç bermegini Ondan soraň.
• Ýohannes Mantahari bilen Todd Bimeriň içinde ýaşan «üznüksiz doga» ýagdaýy hakda oýlanyň. «Hudaýyň barlygyny tejribede ulanmak» üçin siz işde, öýde, maşynda ýa-da islendik başga ýerde näme edip bilersiňiz?
• Mi Ling hatda iň elhenç gynalyş pursatynda-da «Hudaýy görmekligi» öwrenipdir. Gözleriňizi ýumup, özüňizi «gynaýjylaryň», siziň ynanjyňyz ýa-da mesihiniň nukdaý-nazary ýaramaýan kärdeşleriňiziň, goňşularyňyzyň we beýleki adamlaryň ýüzlerini göz öňüne getiriň. Olaryň ýüzlerini göz öňüne getireniňizden soň, olaryň aňyrsynda Hudaýyň keşbini görmeklige çalşyň hem-de Ondan şol adamlary Özüniň hatyrasyna söýüp bilmeklige kömek etmegini soraň.
3 bap
Hudaýyň sözüne bolan söýgi
Biziň eýýäm göz ýetirižimiz ýaly, ynam gahrymanlary ýerdäki durmuşyň «häsiýetiniň durnuksyzdygyna» gowy düşünýärler. Olar hemişe we hemme zatda Hudaýa daýanyp ýaşamaklyga öwrenişipdirler. Olary Hudaýyň Sözüne bolan söýgüsi hem-de ony başgalara çyn ýürekden wagyz etme islegi tapawutlandyrýar.
Terroristleriň Amerikanyň üstüne hüjüm edenine alty hepde geçenden soň, yslam terrorçylary gödeklik bilen Bahawalpurdaky (Pakistan) ýygnagyň ýygnanyşygynyň arasyny böldüler. Awtomat bilen ýaraglanan üç sany adam ýygnagyň binasyna arka tarapdaky gapydan kürsäp girýär. Olaryň biri münber tarapa, ruhy çopanyň ýanyna baryp, Mukaddes Kitaby pola taşlamagyny buýruk beripdir. Emmanuel al-Atta Mukaddes Kitaby ýüregine basyp: «Men beýle etmerin» diýýär. Terrorçy märekäniň ýüregini sarsdyryp, ony aýalynyň we çagalarynyň göz öňünde arkasyndan atyp öldürýär. Pakistanly bu ruhy çopan şol gün ol ýerde bolan ýeke-täk adam däldi. Terrorçylar ýygnak binasyna çozan wagty başga-da birnäçe adamy öldürdiler.
Käbir adamlaryň ruhy çopan Emmanueliň terrorçynyň buýrugyna boýun bolmandygyna geň galmagy mümkin. Mukaddes Kitaby pola taşlamaklyk — bu elbetde, günä däl-de, şahsy namysyň kodeksini bozmaklyk bolardy. Emma Emmanuel munuň ýaly hereketiň yslam ekstremisti üçin nähili ähmiýetiniň bardygyny bilýärdi. Musulmanlar Gurhana islendik görnüşdäki hormat goýulmazlygy dini masgaralamak hasaplaýarlar. Şonuň üçin olar Mukaddes Kitaby pola taşlamaklyk, Mesihe bolan imanyňdan ýüz öwürmeklik bolar diýip pikir etjekdiler. Munuň ýaly hereket olar üçin Mukaddes Kitapda mesihileriň ykrar edişi ýaly, Hudaýyň hakykatynyň ýokdugyny aňlatjakdy.
Ruhy çopan Emmanuel buýruga boýun bolup, Mukaddes Kitaby pola taşlap, soňrak hemmelere mesihileriň Mukaddes Kitaba musulmanlaryň Gurhana garaýşy ýaly garamaýandygyny düşündirip hem bilerdi. Ýöne bu talaplaryň yzyndan başga talaplaryň bolmajakdygyna, soň bahana tapyp terrorçylaryň ruhy çopany öldürmejekdigine kim kepil geçip biljekdi. Terrorçylaryň Emmanueli öldürmedik ýagdaýynda hem bu ruhy çopany tanaýanlar onuň hiç haçan hem Mukaddes Kitaby pola taşlamajakdygyna ynanýardylar. Ol terrorçynyň buýrugyna boýun bolmakdan ýüz öwürdi, sebäbi ýerdäki soňky hereketiniň utançly bolmagyny islemedi. Ol Hudaýyň Sözüni şeýle bir gowy görýärdi welin, özüniň Hudaýa hem Onuň taglymatyna wepalylygyna, hiç kimiň hiç haçan şübhelenmejekdigine ynamly bolmak isläpdir.
Siz nähili pikir edýärsiňiz, şunuň ýaly ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Siz Mukaddes Kitaba şonuň ýaly derejede wepalymy?
Her öýdäki jurnal stollarynyň, kitap tekjeleriniň, krowadyň ýanyndaky tumbalaryň üstünde birnäçe Mukaddes Kitaby bolan Birleşen Ştatlarda Mukaddes Ýazga bolan şunuň ýaly wepalylygy örän seýrek tapýarsyň. Günbatardaky mesihilerde Mukaddes Kitaby saýlamaga uly mümkinçilikler bar. Ol ýerde Mukaddes Kitap dürli ölçegde, suratly we suratsyz daşlykly çap edilýär. Mukaddes Ýazgynyň iňlis diline dürli görnüşde edilen terjimeleri bar. Bizde çagalar, ýetginjekler, ejeler we kakalar üçin Mukaddes Kitap bar. Mukaddes Kitaby «öwrenmek» üçin, aýratyn özüň ulanmagyň üçin we başga-da köp görnüşli ýörite neşirýatlar bar. «Baýry» mesihiler özlerinde birgiden Mukaddes Kitabyň bardygy sebäpli öwünip bilerler. Belki, Mukaddes Kitaby öz-özünden nähilidir bir zat aňladýan hasaplamagymyzyň sebäbi şundadyr. Ýöne Mukaddes Kitabyň gyt ýeri bolan Pakistan ýaly ýurtda mesihiler oňa bahasyna ýetip bolmajak hazyna ýaly garaýarlar. Hudaýyň Sözüni edinmeklik kanun tarapyndan gadagan edilen ýurtlarda Mukaddes Kitaby saklamaklyga het edip bilýänler üçin onuň gymmaty has-da köpelýär.
Koreýaly bir mesihi şeýle diýýär: «Olar maňa köp ýalbardylar, ýöne men olara öz Mukaddes Kitabymy berip bilmedim. Mesihileriň hemme zatlaryny paýlaşmalydygyny men bilýärin, ýöne şonda-da men Kitabym bilen aýrylyşyp bilmedim». Ol şu sözlerden soň elini öňe uzadyp, özüniň hazynasyny görkezdi.
«Men çynym bilen Kitabymy bermek isledim, emma beýle edip bilmedim. Demirgazyk Koreýadaky adamlar Mukaddes Kitap üçin elli ýyl bäri doga edip gelýändiklerini aýtdylar. Men hem olara öz Kitabymy bermedim, sebäbi men hem onuň üçin ýigrimi ýyllap doga etdim-de, Gündogar Koreýada bir ruhy çopandan aldym» — diýip, koreýaly mesihi sözüni dowam etdirdi. Soň ol Mukaddes Kitabyny döşüne gaty gysdy. Ol ýaňy-ýakynda kommunistik döwletden gaçyp gelipdi-de, indi azat Gündogar Koreýada ýaşaýardy. Demirgazyk Amerikaly mesihileriň arasynda Hudaýyň Sözüne edilýän hormatyň musulman döwletlerindäki mesihileriň arasyndaky ýa-da Gündogar Ýewropadaky ýaly däldigine garamazdan, uzaga çekýän netijelere gelmek gerek däl. Günbatarda gaty köp adamlar Mukaddes Kitaba uly hormat bilen garaýarlar. Şonuň üçin hem olar şäherlerde we şäherçelerde yzarlanylýar. Başga sözler bilen aýtsak, mesihiligiň esasy roly oýnaýan ýerlerinde bu mesihiler yzarlanylýar hem olara azar berilýär. Ynam gahrymanlygyna dalaşgär bolanlaryň ykbalynyň hökman golliwudça gaýgyly bolmaly däl. Olar hem edil siz we men ýaly adamlardyr.
Bir pursat saklanyň-da, pikirleniň: siz şu sanawa girýärsiňizmi? Siz Mukaddes Kitaba çynlakaý garaýarsyňyzmy?
Ýokarda ady agzalyp geçilen mesihileriň Hudaýyň Sözüne hormat we söýgi bilen seredendigine geň galasy zat ýokdur. Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda suratlandyrylan gökdäki münber barada bilýän adamlar, özleriniň mesihilik marafonuny bireýýäm ylgap geçen gahrymanlaryň duran münberleriniň birine barmak üçin näme etmelidigini gowy bilýärler. Şeýle-de bolsa, Hudaýyň Sözüne bolan hormat täze hadysa däldir. Bu hormat köp döwürleriň dowamynda ynam gahrymanlarynyň nyşany boldy. Köp asyrlaryň dowamynda mesihiler Mukaddes Kitap üçin gan dökmeli we ölmeli boldular. Mysal hökmünde Timofeý bilen Moruň taryhyny ýatlap geçeliň.
«Timofeý, haýyş edýärin, aýdaý-da olara. Mukaddes Kitaplaryň nirede gizlenendigini hökümdara aýt, ol seni azat eder! Men muňa mundan artyk çydam edip biljek däl» — Mora adamsyna ýalbardy. Mawritani diýen Rim obasynyň ýaşaýjylary Timofeý bilen Mory toý edenine köp wagt geçmänkä tussag edýärler.
Timofeý hökümdaryň talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdy. Şol sebäpli-de Mora rim esgerleriniň öz adamsynyň gözlerine ot basyşyny elhençlik içinde synlamaly boldy. Soň Timofeýi aýagyndan asýarlar, boýnuna-da agyr ýük asyp goýýarlar. Timofeý gürläp başlajak bolup, agzyndan dykyny aýrarlaryna garaşyp otyrka, tussag edilen wagty duýan gorkusy ýerini Hudaýdan gelen rahatlyk bilen çalyşdy.
Dykyny aýranlarynda bolsa Timofeý esgerleriň garaşyşy ýaly, öz ynamyndan ýüz öwürmedi hem-de öz ýygnanyşygyna degişli bolan Mukaddes Kitaplaryň sanawynyň nirede gizlenendigini aýtmady. Ol munuň deregine özüniň ýaşajyk aýalyna käýäp: «Maňa bolan söýgiňe Mesihe bolan söýgiňiň öňüni tutmagyna ýol berme» diýdi. Mora adamsynyň batyrlygyny görende, imanynda has-da berkedi. Timofeý bilen aýalynyň beýle batyrlyk görkezenini görende, Arrian hökümdar olary Rim imperiýasynyň görüp-eşiden iň zalym gynamalaryna hökum etdi. Är-aýal şonda-da Mesihden ýüz öwürmediler. Ahyrsoňy olaryň ikisi-de bile haça çüýlenildi.
Birnäçe asyr geçenden soň, alty sany erkek adam bilen bir dul aýal ybadathana garşy jenaýat etmekde aýyplanylyp, kazyýetiň öňünde durdy. Olaryň bar eden günäleri çagalaryna «Gökdäki Atamyz» dogasyny we On Tabşyrygy iňlis dilinde öwredendiginden ybaratdy. Şol wagtlar Angliýada Mukaddes Kitaby diňe latyn dilinde okamaga rugsat edilýärdi. Ýönekeý adamlar bolsa latyn dilini bilmeýärdiler. Mesihe iman eden adamlar Mukaddes Kitabyň baplaryny gizlinlikde iňlis diline terjime edip, şol terjimäni maşgaladan maşgala geçirýärdiler. Olary hem tutup ýazgarýarlar we ýakmaga hökum edýärler.
Sud mejlisiniň ahyrynda dul aýala rehim edilip, öýüne goýberilýär. Hiç kim muňa garşy çykmady, sebäbi ol ýekedi, çagalary hem kiçijikdi. Garawul ony öýüne alyp barýarka, onuň ýeňiniň içinde bir zadyň şakyrdanyny eşidýär. Ol aýaly saklap, onuň ýeňiniň içinden Mukaddes Kitabyň iňlis diline edilen terjimesini tapýar. Bu hut tussag edilenleriň öz çagalaryna okap berýän terjimesidi. Aýal hökümden ýaňyja halas bolan bolsa-da, terjimäni bermekden boýun gaçyrdy. Sebäbi bu aýal Hudaýyň hakykatynyň öz çagalaryna zerur gerekdigini bilýärdi. Bu hereket onuň soňuna ýetdi. Bu wakadan soň tizara alty sany erkek adam, bir sany hem aýal sütüne daňylyp, diriligine ýakyldy.
Bu wakalardan birnäçe ýyl geçenden soň, angliýaly Uilýam Tindeýl bir din taglymatçysy bilen gyzgyn çekeleşige çekilýär. Din ylymlarynyň doktory bolan bu adam kinaýaly ýylgyryp: «Jenap Tindeýl, siz adamlaryň Mukaddes Kitapda ýazylan Hudaýyň kanuny boýunça dälde, ybadathana kanunlary boýunça ýaşamagynyň gowurakdygyny boýun almalysyňyz. Olar ybadathana kanunlaryna aňsat düşünip bilýär!» — diýýär.
Tindeýl aýgytly garşy çykyp: «Men ruhanylary we olaryň kanunlaryny ýigrenýärin! Eger Hudaý meni diri saklasa, onda azal sürýän her bir oglanjyk-da, Ýazgyny şolardan gowy biler!» diýip jogap berýär. Bu sözler Tindeýli resmi ybadathanadan hemişelik aýra saldy. Tizara ol materige gaçyp gitmeli bolýar. Ol şol ýerde Täze Ähtiň iňlis diline edilen gizlin bolmadyk terjimesini çap edýär. Täze Ähtiň bu kiçijik neşiri birnäçe ýyllaryň dowamynda Angliýa nemes gämilerinde getirilen pagta kipleriniň içinde we başga-da mümkin bolan usullar bilen goýberilýär. Tindeýl ahyrsoňunda öz dostlarynyň biriniň dönüklik etmegi bilen tussag edilýär-de, pyrryldagy ýaýratmakda aýyplanyp, ölüme hokum edilýär.
Hökümiň ýerine ýetirilerine garaşyp türmede geçiren bir ýylynyň dowamynda Tindeýl Köne Ähtiň hem köp bölegini terjime edýär. 1536-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda, oda ýakylmazynyň öň ýanynda onuň aýdan iň soňky sözi: «Rebbim, Korolyň gözlerini aç!» diýen sözler bolupdyr.
Hudaý muny ýerine ýetirdi. Tindeýliň ejir çekip ölenine bir ýyl geçenden soň, monarh iňlis dilindäki Mukaddes Kitaby çap etmäge rugsat berýär. Ýetmiş dört ýyl geçenden soň, korol Iakowyň meşhur Mukaddes Kitaby peýda bolýar. Korol Iakowyň Mukaddes Kitabynyň häzirki zaman görnüşiniň takmynan 83%-i Tindeýliň terjimesidir.
«World Vizion» guramasynyň öňki prezidenti doktor Ted Engstrem özüniň «Hudaý bu dünýäde näme edýär?» atly kitabynda, bir koreýaly mesihiniň gürrüň beren wakasyny beýan edýär. Bu taryhda XIX asyryň 80-nji ýyllarynda gazanç etmek üçin Hytaýa giden üç sany koreýaly adam hakda gürrüň berilýär. Olar Hytaýda bolan wagtynda Hoş Habary eşidýärler-de, Mesihe iman edýärler. Tizara olar Mesih baradaky habary öz ýurduna getirmekligi makul bilýärler. Bu işi etmekligiň aňsat zat däldigini olar bilýärdi, sebäbi Koreýanyň häkimiýeti Hoş Habary wagyz etmekligi gadagan edipdi.
Koreý we Hytaý elipbiýleri meňzeş bolany üçin dostlar Hytaý dilindäki Mukaddes Kitabyň bir sanysyny öz ýurduna gizlin geçirmegi ýüreklerine düwdüler. Şonuň üçin bije atyp, Mukaddes Kitaby Koreýa alyp barma hormatynyň kime düşjegini bilýärler. Bije düşen adam Mukaddes Kitaby öz goşlarynyň arasynda gizläp, Koreýanyň serhedine tarap ugraýar. Ol serhede birnäçe gün ýöränden soň ýetýär. Ol ýerde ony barlanlarynda, Mukaddes Kitaby tapýarlar-da, öldürýärler. Bu baradaky habar tizara onuň dostlaryna baryp ýetýär. Olaryň ikinjisi öz Mukaddes Kitabyny söküp, sahypalara bölýär-de, olary bir-birden goşlarynyň arasynda gizleýär. Ol hem serhede çenli uzak ýoly sökýär. Serhetde ony hem barlap, Mukaddes Kitaby tapýarlar-da, kellesini alýarlar. Dostlarynyň edip bilmedik işini etme hyjuwyndan dolup-daşan üçünji koreýaly adam, näme etmeli hem bolsa edip, islegini amala aşyrmagy ýüregine düwýär. Ol hem öz Mukaddes Kitabynyň sahypalaryny sökýär-de, kagyz ýüpe meňzedip, olary işýär. Soň şol inçe ýüplerden ýogyn ýüp örýär. Şol ýüpe-de goşlaryny daňyp, ol hem serhede sary ugraýar. Serhetde goşlaryny çözüp görkezmegi oňa buýruk berýärler. Soň ony-da gowy barlaýarlar. Hiç zat tapman soň serhetdäki garawullar oňa Koreýa geçmäge rugsat berýärler.
Bu adam öýüne gelenden soň, ýüpi çözüp, her bir sahypany gowy tekizleýär. Şol sahypalardan ol täzeden Mukaddes Kitap tikýär-de, hemme ýerde wagyz edip başlaýar. XIX asyryň ahyrlarynda Koreýa ilkinji hoş habarçylar gelende, hakykat tohumynyň eýýäm ekilendigini, onuň ilkinji miwelerini berip başlandygyny görýärler.
Biz Hudaýyň Sözüni okamaklyga, öwrenmeklige we ol barada başga adamlara gürrüň bermeklige (ony başga adamlara wagyz etmeklige) güýçli yhlasy, höwesi miras alýarys. Isa Mesihiň şeýtana: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» (Matta 4:4) diýip, garşylyk görkezen döwründen bäri gelýän ähli mesihilere mahsus bir häsiýet bardyr — bu hem Hudaýyň Sözüne teşnelikdir. Mesih doglandan soňky I asyrda Hudaýyň Sözüne wepalylyk
Luka atly ýehudy lukmany Isa Mesihiň durmuşy we irki mesihi Ýygnagynyň hakyky taryhy baradaky ýygyndyny düzme wezipesini öz üstüne alypdyr. Şeýle etmekligi ondan näbelli Rim ýolbaşçylarynyň biri haýyş edipdir. Şol näbelli adamyň ýaňy-ýakynda mesihi bolan bolmagy gaty ahmal. Luka öz Hoş Habarynda we onuň «dowamynda» (Resullaryň işlerinde) oňa Teofilus ady bilen ýüzlenýän bolsa-da, bu adyň şol näbelli adamyň hakyky ady däl bolmagy mümkin. Grek dilinde Teofilus sözi «Hudaýy söýýän adam» diýmekligi aňladýar. Şonuň üçin bu at öz imany barada açyk aýtmak islemeýän adamyň lakamy bolmagy mümkin.
Luka lukmanyň hemişe resul Pawlusyň ýanynda bolanlygy sebäpli, onda ygtybarly habar çeşmesi bolupdyr. Luka lukman Isanyň ýerdäki gullugynda görkezen gudratlary, irki Ýygnagyň durmuşyna mahsus bolan Hudaýa wepalylyk dogrusyndaky şaýatlyklar barada gürrüň bermek bilen özüniň Mesihdäki gymmatly doganyny ruhlandyrmak isläpdir. Resullaryň işleri kitabynyň ikinji babynda Luka Iýerusalimdäki ilkinji ýygnagyň agzalarynyň näme bilen meşgullanandygyny, olar üçin iň esasy zadyň näme bolandygyny gürrüň berýär:
Resullaryň işleri 2:42-47
Mukaddes Kitabyň grek dilindäki terjimesiniň şu parçasynda
Luka ilki başda biziň ünsümizi mesihileriň hemişe resullaryň taglymatynda bolandyklaryna çekýär. Şu ýerde gürrüňiň Isanyň ilkinji şägirtleriniň wagyz işleri, olaryň Isanyň ýanynda üç ýyl bolup, sözlerini diňläp alan bilimleri barada barýandygy açyk göze görnüp dur. Hoş Habarlaryň dördüsi hem şu zatlary subut edýär. Resullaryň taglymaty öz içine Rebbiň özlerine öwreden Köne Ähtiň düşündirilişini hem alýar diýip çaklamaklyk logika gabat gelýär. Başga sözler bilen aýtsak, irki Ýygnak Mukaddes Ýazga doly wepaly bolupdyr. Mukaddes Ýazgy olaryň derwaýys çöregi bolupdyr.
Lukanyň Iýerusalimdäki mesihileriň ýygnanyşygyň gürrüňini edýän döwründe, mesihilik Rim imperiýasy üçin gorkunç «howp» bolupdyr. Şonuň üçin mesihileri yzarlapdyrlar we öldüripdirler. Lukanyň sözleri mesihi bolmadyk adamlaryň Mesihiň şägirtleriniň ýaşaýşyny synlamaga mümkinçiligi bolan, gören zatlaryndan ýaňa haýran galan parahat döwrüni ýadyňa salýar. Lukanyň irki Ýygnagyň yzarlanmalar başlanmazyndan öňki artykmaçlyklary barada aňsatlyk bilen gürrüň bermeginiň sebäbiniň, häzirki öz imany sebäpli yzarlanylýan we ezýet berilýän Ýygnagyň Hudaýyň Sözüne, doganlyga, Rebbiň saçagyna we doga-dilege wepaly bolup galmagy üçin bolmagy mümkinidr.
Synaglar bilen kynçylyklar mesihi adamyň ruhuny döwmeli däldir. Ol Mukaddes Ýazga elmydama wepalylygyna galmalydyr. Parahatlyk we ynjalyk tapýan zadymyzdan mahrum bolanymyzda, Isanyň çölde bolşy ýaly, biz hem diňe Hudaýyň Sözüniň özümize berip biljek güýjüniň zerurlygyna düşünýäris. Hudaýyň öz durmuşymyzy özgertmegine mätäç bolan mahalymyz, Mukaddes Kitap Onuň ygtyýaryny we güýjüni duýup biljek oazisimiz bolup durýar. Muny uly şarlawugyň başynda duranymyzda duýýan tämiz we ýakymly gorky duýgularymyz bilen deňemek bolar. Başga sözler bilen aýtsak, durky bilen Hudaýyň Sözüni söýýän adamlar haçan hem bolsa bir wagt ruhy agyryny başdan geçirendir. Olar göreş pursatynda we azaplar içinde Onuň Sözüniň nähili ruhlandyryjy hem-de galkyndyryjy bolýandygyny gördüler. Mukaddes Kitap olar üçin howanyň ýaşaýyş üçin zerur bolşy ýaly wajyp boldy. Bu zatlaryň netijede olaryň durmuş ýolundaky çöllük gül açyp oturan meýdana ýa-da ajaýyp alp çemenliklerine öwrülse-de, olar barybir Ýazga wepalylygyna galýarlar.
Bir işdeşiniň garaşylmadyk we pajygaly ýagdaýdaky ölüminden soň, Mariýa Bernett Rebbe doly bil baglap, öz hasratyny beýan etdi. Sözler onuň gussa batan kalbyny eýeläp ugrady. Ol muňa düşünip başlamazyndan öň, ýüz ugruna düzüp aýdan aýdymynda Gökdäki Atasyna ýüregini döküpdi. Bu aýdymda Mariýanyň Rebbe we Onuň Sözüne bolan söýgüsi hakda gürrüň berilýärdi. Bu bolsa durmuşynyň şol pursatlarynda oňa güýç beren ýeke-täk zat bolupdy. Hudaýyň barlygy onuň üçin howa kimin zerurdy.
Mariýa 1995-nji ýylda «Dem al» diýen aýdymyny birinji gezek aýdandan bäri, bütin dünýäniň mesihileri onuň Hudaýa we Onuň Sözüne bolan söýgüsiniň ýaňyna goşulýarlar. Millionlarça imanlylar her hepdede öňküleri ýaly, Hudaýyň barlygyny dem alýan howasy bilen, Hudaýyň Sözüni bolsa, derwaýys çörek bilen deňeşdirip, şu aýdymy aýdýarlar. Bu aýdymyň gaýtalamasy olaryň Hudaýa mätäçligini we Hudaýsyz hemmämiziň heläk boljakdygymyzy tassyklaýar.
Gal Barnsyň gatnaýan ýygnanyşygynda Mariýa Barnettiň aýdymyny aýtmaýarlar, ýöne Gal bu aýdymyň sözleriniň hakykatdygyny tassyklar. Gal Barns sözüň doly manysynda yzarlanylma sezewar edilmedi, ýöne şahsy tejribesinde kemsidilmäni başdan geçirip gördi. Köp gezek (näçe gezekdigini onuň özem ýadyndan çykarypdyr) onuň Halasgäre bolan guwanjyna we Hudaýyň Sözüne bolan söýgüsine düşünmeýän adamlar ony ret etdiler.
Gal 1917-nji ýylda doguldy. Onuň saz boýunça ukyby bardy. Onuň saz ugrundan alan bilimi Stendford uniwersitetine okuwa girmek üçin ýeterli boldy. Emma şeýle-de bolsa ol uly doganynyň, ýagny dünýä belli alymyň we döredijiniň öňünde hormat gazanmak üçin köp göreşmeli boldy.
Galyň durmuşy aňsat däldi. Dogany ýaly zehinli bolmandygy sebäpli, ol kommiwoýažer (gezme söwda agenti) işini gözlemeli boldy. Gal bu işinde uly üstünlikler gazandy, ýöne ol bu işden kanagatlanma almaýardy. Ol ýygnanyşyga gatnaýardy, ýöne bu onuň Isa bilen ýakyn gatnaşyklary gurandygyny aňlatmaýardy. Onuň üç gapyly býurosynda saklanan papkalaryň arasynda diňe ýekejesi ýygnanyşyga bagyşlanandy. Gal bu papkany hepdede ýekeje gezek ol ýerden çykarýardy.
Emma Gal kyrk ýaşyna ýetende, durmuşy birden özgerdi duruberdi. Ol aýaly Huanita bilen telewizorda Billi Gremiň nobatdaky wagyzçylyk saparyna seredip otyrka, birden özüniň Halasgäre mätäçdigine düşünýär. Gal bilen aýaly Çikago şäheriniň etegindäki bir ýygnanyşyga gatnap ugraýarlar. Soň Gal Hudaýyň Sözüni ýat tutup ugraýar.
Galyň gyzy Çendler: «Kakam özüniň sapary döwründe boş wagtyny Ýazgydan uly bölekleri ýat tutmaga sarp ederdi. Ol hemişe ýanynda ýumşak daşly Mukaddes Kitaby götererdi. Şol kitap şeýle bir kiçijikdi welin, hatda ol kakamyň köýneginiň jübüsine-de sygýardy» diýip ýatlaýar.
Gal mezmurçy Dawudyň sözlerine örän çynlakaý garaýardy. Ol Hudaýyň Sözüni öz ýüreginde saklaýardy. Işdeşleri özüni birneme birgeňsiräk hasaplap, «Gal haleluýa» diýen lakamy daksalar-da, ol olara hiç hili üns bermedi. Adamlaryň özi barada näme pikir edýändigi Galy indi asla gyzyklandyranokdy. Gal ahyrsoňy Mukaddes Kitapdan Hudaýyň özüni şek-şübhesiz söýýändigine subutnama tapdy hem-de Öz ýanyna gelenleriň hemmesiniň Hudaýyň Kabul edýändigine ynandy. Şübheler kölünden çykanyndan soň Gal Rebbiň özüni şol durşuna söýýändigine göz ýetirdi.
Bu haýran galdyryjy adam segsen bäş ýaşyna ýetende, onuň imany ömründäki iň agyr synaga duçar boldy. Onuň elli dokuz ýyl bileje ýaşaýan aýaly Huanita 2001-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 11-inde bolan wakadan bir hepde geçeninden soň ýogalaýdy. Nýu-Ýork üç müň adamyň ýitgisiniň agysyny aglaýan wagty, Gal hem özüniň iň ýakyn dostunyň agysyny aglady. Emma ol könelip giden Mukaddes Kitabyndan özüne şondan soň ýanýoldaşsyz ýaşamaga kömek eden sözleri tapdy.
Gal bu günki gün Mukaddes Kitapdan 173 baby ýatdan bilýär. Ýöne has güýçli geň galdyrýan zat, şol sözleriň onuň durmuşyna täsir edişidir. Ýaňy-ýakynda Gal öz agtygynyň on üç ýaşyny bellemek üçin ýygnanan garyndaşlarynyň we dostlarynyň arasynda çykyş etmeli boldy. Gal gaýyş daşly Mukaddes Kitaby ýokary galdyryp, oglanjygy Mukaddes Kitaby söýmeklige çagyryp: «Agtyjagym, muny meniň adymdan kabul et. Goý, Mukaddes Kitap seniň durmuşyňy özgertsin. Rebbiň Sözüni öz ýüregiňde sakla. Bu kitaba özüňi günäden saklamaklyga rugsat ber, bolmasa günä seni ondan daşlaşdyrar» diýdi.
Eger Galyň agtygy öz babasynyň paýhasly maslahatyna eýerse, onda ol
Siz nähili ruhy miras galdyrýarsyňyz? Garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we işdeşleriňiz Mukaddes Kitabyň siziň durmuşyňyza edýän täsirini görýärmi?
Ýaşlar diýseň duýgur bolýarlar. Hut ýaşlyk döwürde hem hakyky iman tohumyny ekýärler. «Azap çekenleriň sesi» guramasynyň işgäri Gari Leýn muňa şahsy tejribesinde göz ýetirdi.
Iki ýyl mundan ozal Çang Meýe (Tailand) eden sapary mahaly Gari ýetginjeklik döwründe döwlet antibirman goşunlarynda gulluk eden şan milletinden bolan onlarça ýaş ýigitlere duş geldi. Şan okrugynyň ýolbaşçylary, Hudaýyň erki bilen, hoş habarçylara bu adamlary Çang Meýiň golaýyndaky mesihilik internatyna almaklyga rugsat berdiler.
Gari Leýn şeýle ýatlaýar: «Tailanda baranymyza bary-ýogy üç hepde geçeninden soň, ýigitler buddizmden we animizmden ýüz öwrüp, Mesihe iman getirdiler. Oglanlar ilkinji gezek Mukaddes Kitaby görenlerinde, ýakymly gorky duýdular.
“Siz bu Hudaýyň Sözi… Kitabyň sahypalaryndaky kagyzyň ýüzüne ýazylan Hudaýyň Sözi diýjek bolýarsyňyzmy?” diýip, on ýedi ýaşly bir ýigit sorady. Oňa Mukaddes Kitaby gowşuranlarynda, badam gabakly gözleri ulaldy. Ýaş ýigit edil bir gymmat baha zat ýa-da bir tokga altyn berilen ýaly, Mukaddes Kitaby ýüregine basdy».
Internatyň işgärleri bu oglanlar Mesihe iman edeli bäri olaryň durmuşynda bolup geçen birnäçe üýtgeşmeleri görüp, hakyky gudratyň şaýaty bolandyklaryny gürrüň berýärler. Öňki gaharjaň, hemme zada perwaýsyz, köp ýagdaýlarda zalym bolan ýetginjek esgerler indi ýuwaş, kiçigöwünli, rehimli we aladaçyl adamlar boldular. Olaryň Hudaýyň Sözüne hormat we ýakymly gorky bilen garaýandyklary hem-de Ony hakykatdan-da söýýändikleri sebäpli, Ýazgyny hemişe okaýarlar we oňa eýermek isleýärler. Olaryň kalbynda bolup geçen üýtgeşme, oglanlaryň häzir Reb bilen gatnaşykda ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Ozal söweşmeklik we öldürmeklik öwredilen esgerler indi Isanyň ýaşan durmuşynda ýaşaýarlar.
«Azap çekenleriň sesi» guramasyny esaslandyryjy Riçard Wurmbrand 2001-nji ýylda dünýäden ötdi. Ol yzarlanan ýygnaklara bagyşlap gulluk eden ömründe, göçgünli pursatlaryň köpüsini başdan geçirdi. Hytaý kyrk ýyllap demir tutynyň aňyrsynda ýaşap, bütin dünýä gapysyny açandan soň, Riçard kynçylyklaryň we yzarlanmalaryň içinde-de ýygnaklaryň tiz ösýänine begendi. Gündogar Ýewropada kommunistik gurluş ýykylandan soň, Riçard dogalary eşidendigi üçin Hudaýy şöhratlandyrdy. Şeýle-de bolsa, köp hytaýlylar bilen ruslar öňküleri ýaly, ezýet çekýärler. Köpüsi türmelerde külpet çekýärler. Köpüsi gynaldy. Ruhy çopan Wurmbrand özüniň birnäçe ýyl mundan öň ýazan «Hudaý bilen ýekelikde» diýen kitabynda hemişekisi ýaly, Mesihiň ady sebäpli ejir çekýän doganlarymyz üçin doga etmelidigimizi, şol doganlarymyzyň Hudaýyň Sözüni hormatlaýşyndan ruhlanmalydygymyzy ýatladýar:
Bir gezek Çunsinde köpçüligiň öňünde Mukaddes Kitaplary we beýleki mesihilik kitaplaryny ýakdylar. Mesihileri bolsa muňa seretmeklige mejbur etdiler. Ýöne Mukaddes Kitap galyň bolandygy sebäpli haýal ýanýar. Mukaddes Kitabyň müňe golaý bolan sahypalarynyň arasyna kislorod kynlyk bilen aralaşýar. Bu ýakyşlygyň şäýätlarynyň biri bu ýagdaýdan peýdalanyp, Mukaddes Kitaplaryň biriniň bir sahypasyny ýyrtyp alýar. Şol adamyň degişli bolan gizlin imanlylar ýygnanyşygy köp ýyllaryň dowamynda öz imanyny bir şol sahypany okap iýmitlendiripdir. Soň bolan zatlary Günbatara gysgajyk habar bermeklik olara başardypdyr. «Biz şu sahypadan “gowurak” mesihi bolmaga synanyşmaklygyň peýdasyzdygyny bildik. Mesih biziň gowurak mesihi bolmagymyzy däl-de, Özüne meňzemäge çalyşýan mesihi bolmagymyzy isleýär» diýip, olar sözleriniň üstüni ýetirýär.
Muny eşidenimizden soň, biz bu adamlarda Mukaddes Kitabyň haýsy sahypasynyň galandygyny bilmäge synanyşdyk. Bu sahypa Mattanyň Hoş Habarynyň 16-njy babynyň 18-nji aýadyny içine alýan sahypa bolup çykdy. Şol aýatda: «…sen Petrussyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez» diýilýär. Munuň ýaly wada alan mesihi ýaşap biler.
Ruhy çopan Emmaniel, Timofeý, gaýduwsyz dul aýal Mora, Uilýam Tindeýl, Hytaýdaky işçiler we başga-da köp-köp adamlar näme üçin Hudaýyň Sözüni goramak, serhetden geçirmek we ýaýratmak üçin janlaryny orta goýdular? Bu örän ýerlikli sorag, sebäbi ol biziň hakykatdan hem Hudaýa wepalydygymyzy ýa-da däldigimizi kesgitleýär.
Bu soragyň jogaby şeýledir: şol adamlaryň Mukaddes Kitaby söýendiginiň sebäbi diňe bir ony gowy görendikleri üçin däl-de, eýsem onuň hakykatdan hem Hudaýyň Sözüdigini bilendikleri üçindir. Şol sebäpli-de olar şol kitap boýunça ýaşapdyrlar. Mukaddes Kitap ýa-da ondan ýyrtylyp alnan şol ýekeje sahypa olar üçin ýöne bir kagyz ýüzündäki sözler toplumy bolmandyr. Bu Hudaýyň hakykaty bolupdyr. Şonuň üçin olaryň hereketleri höwese däl-de, diýen edijilige esaslanýar. Biz nirede ýaşasak-da, Hudaýa gulak asyp ýaşamaklyk hemişe-de kyn bolýandyr. Ýöne diňe Hudaýyň tabşyryklaryny iň ýokary kanun saýan ýagdaýymyzda dogry ugurda ýöräp bilýändiris.
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň dünýäniň dürli künjeklerinde işleýändigi üçin Mukaddes Kitabyň bir bölegi onuň wagyzlarynda we dogalarynda aýratyn köp ýaňlanýar. Bu Rimlilere hatyň 8-nji babynyň 39-njy aýadydyr. Bu aýatda imanly adamy Hudaýyň söýgüsinden hiç bir zadyň aýryp bilmejekdigi barada gürrüň berilýär.
Sudanda ruhy çopan Abram öz halkynyň çeken ejirini gördi. Bu ýurtda Mukaddes Kitap gyt zat. Onuň ýygnanyşygynda dört ýüz adama bir Mukaddes Kitap bardy. Mukaddes Kitap üçin adamlaryň janlaryny pida edişlerini ruhy çopan gördi. Sudandaky imanlylary gynadylar, açlyga sezewar etdiler, hatda yslamy Kabul etmekden ýüz öwürenlerinde öldürdilerem.
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň wekilleri Sudana gelip, ruhy çopan Abramyň ýygnagy üçin Mukaddes Kitap getirenlerinde, ol «Sesiň» işgärlerine özüniň esgä öwrülen köne kitabyny berýär. Şol kitabyň sahypalary haýsydyr bir gudrat bilen ýyrtylman durdy. Sahypalaryň biri, ýagny Rimlilere hatyň 8-nji baby ýerleşdirilen sahypa has-da jylga-jylga bolupdy. Oýlanyp görüň, ruhy çopan Abram özüne teselli gözläp, şu sahypanyň üstünde näçe gezek oýlanmaly bolduka? Öz ýygnagynyň yzarlanma duçar edilen agzalaryny ruhlandyrjak bolup, ol bu sahypany näçe gezek okadyka? Bu sahypanyň elden-ele geçen bolmagy-da ahmal.
Hakykat ýönekeýdir: Mukaddes Kitapdaky esasy zat — bu Hudaýyň adamzada bolan söýgüsi we bizi halas etjek bolup, Özüniň ýekeje Ogluny berendigi baradaky taryhdyr. Hudaýyň söýgüsinden bizi hiç zat aýryp bilmez.
Iman gahrymanlarynyň güýjüniň çeşmesi — olaryň ýüreklerinde gizlenen Hudaýyň söýgüsidir. Olar özleriniň hiç haçan Hudaýyň söýgüsinden aýrylyp taşlanylmajagyny bilýärler. Onuň söýgüsini we hakykatyny Özüniň kagyz ýüzüne ýazylan Sözünden aýry saýmaýarlar.
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň wekilleriniň ruhy çopan Abram bilen duşuşanyna birnäçe gün geçenden soň, ol yslam terrorçylary — demirgazyk Sudandan bolan esgerler tarapyndan atylýar.
Eger biz Hudaýyň wesýetlerini ýerine ýetirmesek, onda biz Hudaýyň Sözüniň güýjüni yzarlanylma we aňtamalara sezewar edilen beýleki mesihileriň duýuşy ýaly duýup bilmeris. Olar üçin Luka lukmanyň sözleri hemişe aktuallygyna galýar.
Siz Hudaýyň Sözüni gowy görýärsiňizmi? Siz Mukaddes Kitaby yzygiderli öwrenýärsiňizmi? Ýazgynyň manysynyň nämede jemlenendigini aňanyňyzda we Hudaýyň islegine düşüneniňizde, siz şolara boýun bolýarsyňyzmy? Mukaddes Kitaby okamak we öwrenmek, onuň buýruklaryny ýerine ýetirmek, şol buýruklaryň üstünde oýlanmak hem Mukaddes Kitap aýatlaryny ýat tutmak biziň üçin edil dem alşyň wajyp bolşy ýaly wajyp bolmalydyr.
• Eger soňky döwürde Mukaddes Kitaby öwrenme islegiňiz gowşan bolsa, onda siziň bol ak patalar we gülläp-ösüş döwründen lezzet alan bolmagyňyz mümkin. Bu hem ruhy taýdan ösüşiňiziň saklanmagyna alyp barandyr. Özüňizde Mukaddes Kitaby okama islegini oýarmagyň bir ýoly bar. Bu hem Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun almaklykdyr.
Iş tertibiňizi barlap görüň-de, ýarym sagady doga-dileg üçin gädip alyň. Dogaňyzy durmuşyňyzda häzir bar bolan ähli gowy zatlar üçin minnetdarlykdan başlaň. Soň Onuň ak patalaryndan peýdalanmaklygy ýüregiňize düwendigiňiz sebäpli, öz gözýetimiňizden sypyp başlan gymmatlyklary ýadyňyza salmagyny Hudaýdan haýyş ediň. Onuň berjek jogabyna gulak asyň.
• Siziň Mukaddes Kitabyňyz nirede? Mukaddes Kitaby yzygiderli öwrenip başlamak üçin siz näme etmeli?
• Suw nasosynyň işläp başlamagyna az mukdardaky suwdan başga zat gowy ýardam edip bilmez. Mukaddes Kitapdan öňki bellik eden aýatlaryňyzy tapyň. Olary täzeden okaň-da, şol aýatlary bellemeklige sizi nämäniň itekländigini gaýtadan biliň. Olaryň her birini okap çykanyňyzdan soň, özüňize: «Indi näme?» diýen soragy beriň. Başga sözler bilen aýtsak, şol aýatlary özüňiziň gündelik durmuşyňyzda nähili ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyp, belli karara geliň.
• Galyň göreldesine eýerip, Ýazgydan köpräk parçalary ýat tutmaga çalşyň. Mukaddes Kitapdan ýat tutan aýatlaryňyzyň hemmesini ýazmaklykdan başlaň. Soň olaryň üstüni her hepdede bir aýat bilen ýetiriň.
• 119-njy mezmury okamakdan başlaň. Mezmurçynyň näçe gezek «Rebbiň kanunyny» (Hudaýyň Sözüni) akyldarlyk, bereket ýa-da siziň ýetmek isleýän başga bir zadyňyzyň çeşmesi diýýänine üns beriň. Soň Özüniň Sözi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň we özüňizde Mukaddes Kitaba akyl ýetirmeklige islegi ot kimin tutaşdyrmagyny Ondan soraň.
Hudaýyň Sözüni öwrenmeklik, şeýle hem Onuň wesýetlerini berjaý etmeklik durmuşyňyzyň bir bölegi bolar ýaly ediň.
4 bap
Batyrlyk
Muňa batyrlyk diýiň. Özüniň mesihilik ynamyny gizlemändiginden ybarat bolan jenaýat sebäpli Tomas (ady oýlanylyp tapyldy) maşgalasyndan, öýünden we ýygnanyşygyndan aýrylyp, Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birinde türmä taşlanyldy. Ýöne türmä düşse-de, Hudaýa wepaly bolan ruhy çopan şol ýere düşmäge sebäp bolan zatlara ökünmedi. Elbetde, maşgalasyny onuň ýüregi diýseň küýseýärdi. Emma hiç hili küýseg wagty yzyna dolap bilmeýärdi. Ol indi diňe Hudaýyň gudraty bilen azat bolup bilýärdi. Şonuň üçin hem Tomas Hudaýyň isleginiň bir bölegi hökmünde bolan zatlara kaýyl boldy-da, türmedäki ýoldaşlaryna wagyz edip ugraýar.
Bir gezek dynçgüni Tomas wagyz edip başlan badyna, garawullar kamera kürsäp girýärler-de, ony tutýarlar. «Wagyz etmekligiň gadagandygyny biz saňa aýtdyg-a, jezaňy çekmäge taýýarlan» — diýip, olaryň biri aýdýar.
Garawullar Tomasy kameradan südürläp çykaryp, koridoryň ugry bilen süýräp äkidýärler. Munuň näme bilen gutarjagyny tussaglar bilýärdi. Olaryň täze dostuny «ýenjilýän otaga» äkidipdiler.
Şol otagyň gapysy ýapylandan soň, olar tutuk çykýan gykylygy we nalany eşitdiler. Tomasy edil boksçylaryň armydyny uran ýaly urdular.
Bir sagat geçenden soň garawullar Tomasy kamera getirdiler. Onuň endam-jany gan bilen gök-aladan doludy. Onuň ýüzi çişdi, ýöne gözleri welin geň galdyryjylykly ýanyp durdy. Soň ol kameradaşlaryndan: «Şeýlelikde, doganlar, biziň gürrüňimizi gödeklik bilen bölenlerinde, men nämede saklanypdym?» — diýip sorady. Tomas öz wagzyny dowam etdirdi-de, gürrüňini soňuna çenli alyp çykdy. Ony nähili ünsli diňländiklerini aýtmak gerekmidir?
Hawa, muňa «batyrlyk» diýilýär. Tomas Hoş Habary türmedäki ýoldaşlaryna ýetirme işinde paýyna düşen beýik hormatyň hatyrasyna urulmakdan gorkmadyk, «gandally» oturan ruhy çopanlaryň ýekejesi däldir. Şunuň ýaly ruhy çopanlaryň köpüsi wagyz etme ugrundan bilimi-de ýok. Köp ýagdaýlarda olaryň ýygnanyşykda gulluk etme tejribeleri-de ýok. Şeýle-de bolsa olar hiç zada garamazdan, seslerini gataldyp, batyrlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler. Şunuň ýaly wagyzçylaryň biri: «Biz wagyz etdik, olar bolsa bizi urdular. Bu bir ylalaşyk ýaly bir zat boldy. Biz Hudaý barada gürlemäge münkinçilik bolanyna şat bolýardyk, olara bolsa bizi urmaklyk lezzet berýärdi. Şeýdip, hemmämizem göwnühoş bolýardyk!» — diýip gürrüň berýär.
Durmuş sahnasynda haýykdyryjy yzygiderlilik bilen bolup geçýän zatlary oýun-oýunjak saýyp bolmaz. Häzirki döwürde yzarlanylýan mesihileriň ýagdaýy — bu «Resullaryň işlerinde» okaýan zatlarymyz bilen takyk gabat gelýän hakyky dramadyr. Bu bolsa bizi diýseň geň galdyrýar. «Resullaryň işleriniň» Täze Ähtiň şu günki gün hem ýazylmasyny dowam edýän ýeke-täk kitabydygy hakda, heý, oýlanypmydyňyz? Luka özüniň ikinji kitabyny kesaryň köşgünde gulluk edýän Mesihiň gizlin yzyna eýerijisi üçin ýazanynda, okyjylaryň köplenç nukdaý-nazaryndan sypdyrýan zatlaryny göz öňünde tutýar. Hoş Habarlardan tapawutlylykda, Resullaryň işlerinde belli bir soňy ýok. 28-nji babyň soňky aýadynda yzarlanylýan Pawlus hakda gürrüň berilýär. Ol şol wagt öý tussaglygyndady. Şeýle-de bolsa, bu tussaglykdy. Pawlusyň Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edişini batyrgaýlyk bilen dowam edýändigini görýäris. Luka özüniň ikinji kitabynda «Resullaryň işleriniň», ýagny resullaryň hereketleriniň dowam etjekdigini kakdyryp aýdýar. Şonuň üçin hem biz Isanyň ilkinji şägirtleriniň durmuşynda hakyky bolan zatlar, Isa iman edýän häzirki şägirtleriniň durmuşynda hem hakyky bolar diýip pikir edip bileris.
Şonuň üçin Gündogar Ýewropanyň türmelerinde bolup geçýän zatlaryň bize Täze Ähtiň sahypalaryny ýatladýandygynda hiç hili geň-taň zat ýokdur. Ruhy çopan Tomasyň batyrgaýlygy — bu Petrus bilen Ýahýa Iýerusalim ýaşulularynyň gözlerine gorkusyz garamaga mümkinçilik beren duýgynyň gaýtalanmasydyr. Iki ýagdaýda-da kemsidilmeler bilen urulmalar Hoş Habary adamlara wagyz etmek islän adamlary dymmaga mejbur edip bilmedi. Şol ýagdaýlaryň ikisindäki adamlar hem batyrgaýlykdan püre-pürdüler.
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň bir hoş habarçysy öz derňewlerini şeýle paýlaşýar:
Batyrgaýlyk Mukaddes Ruh tarapyndan sowgat berilýär. Resullaryň işleriniň 4-nji babynda ýehudy ýaşululary Petrus bilen Ýahýanyň «kanunçy däl-de, ýönekeý» adamlar bolandygyny bilenlerinde, geň galdylar. Soň Petrus bilen Ýahýanyň Isanyň ýanynda bolandygy olaryň ýatlaryna düşýär. Mejlisiň agzalaryna Isanyň ygtyýarynyň we güýjüniň bardygyny boýun alaýmak galýar. Gündogardaky imanlylaryň durmuşynda hem edil şunuň ýaly ýagdaý bolup dur. Bu mesihiler seminarlarda okamadylar. Günbatarda bar bolan dürli görnüşli okuwlar we mesihi edebiýatlary olar üçin elýeterli däl. Olaryň köpüsiniň dünýä çuň akyl ýetirişi-de ýok. Käbirleriniň akyl ýetirişi Ýahýanyň Hoş Habarynyň 3-nji babynyň 16-njy aýady bilen çäklenýär. Ýöne olar Mesihiň öz günäleri üçin gurbanlyk bolandygyny bilýärler. Bu hakykatyň özi-de, beýleki hemme zatlary unudyp, öz ýurdundaky azaşan ýüreklere Hoş Habary ýetirmek we wagyz etmek üçin ýeterlidir. Olaryň köpüsi yzarlanmalara çydamaga, hatda şol ujypsyzja bilýän zatlary üçin ölmäge-de taýýardyrlar.
Bu ýerde günbatarly mesihiler bilen deňeşdireniňde nähili tapawut bar? Biz öz imanymyz barada gürrüň bermek üçin bir zady pida etmezden ozal, çuň bilim almaklyk ýa-da belli bir durmuşy tejribe gerek diýip pikir edýäris. Bizde munuň ýaly pidalar yzarlanylýan Ýygnak bilen baglanyşyklydyr. Biz dostlarymyz ýa-da maşgalamyz tarapyndan ret edilmeklige ýa-da işimizi ýitirmeklige töwekgelçilik edýäris. Aslyýetinde hiç hili goşmaça bilimem, tejribe-de gerek däl, bize batyrlyk gerek. Eger biz iman bilen hereket etsek, onda batyrlyk Hudaýyň Ruhy tarapyndan sowgat berilýär. Eger şuny göz öňünde tutsak, onda Ýygnakdaky ynam gahrymanlarynyň mukdary durşuna we dolulygyna Ýygnagyň agzalarynyň batyrgaý bolma islegi bilen kesgitlenilýär.
1973-nji ýylda «Günbatar dünýäniň beýik kitaplary» atly almanaha neşirçiler «Gahryman we gahrymançylykly epos» diýen ýörite makalany goşdular. Jikme-jik gürrüň berilýän bu makalada nusgawy kitap «gahrymanyny» ýönekeý ölümli «gahrymandan» tapawutlandyrýan üç häsiýet bellenilipdir. Birinjiden, gahryman üýtgeşik ukyply bolmaly. Ikinjiden, gahryman hemişe duşmanyň öňünde edermen bolýar. Üçünjiden, gahryman hemişe ýalňyz bolýar. Gahrymanyň edýän zatlaryny başga hiç kimiň başaryp bilmeýändigi sebäpli, gahryman etmeli işini hemişe ýekelikde ýerine ýetirmeli bolýar.
Bu üç häsiýet Gerkules ýa-da Supermen ýaly gahrymanlara mahsusdyr. Ýöne gynansak-da, munuň ýaly adamlar hakyky durmuşda hiç haçan bolmandy.
Biziň bu kitapda gürrüňini edýän gahrymanlarymyz adam düşünjesiniň miwesi däldir. Olar hem biziň duş gelen we duş gelmeli bolýan zatlarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolan we bolýan, tenden hem gandan doglan hakyky adamlardyr. Olar hem edil biz ýaly adamlardyr!
Biziň eýýäm görşümiz ýaly, olaryň käbirleri — mysal üçin Tomas ýalylary — ejiriň höküm sürýän sahnasyndaky «Ynam gahrymany» atly dramasyna gatnaşmaly bolýarlar. Ýöne hemmesi däl. Gürrüň: «Özüniň çyn imany bilen meşhur bolan ruh gahrymanlary gerek» diýen bildirişe seslenmä ýetende, dalaşgärleriň gulluk ýazgysynda türmede bolandygy baradaky ýazgynyň ýa-da urulmalardan galan yzlaryň bar bolmagy hökman däldir. Her bir adam şonuň ýaly gahryman bolup biler. Biziň gürrüňini edýän gahrymanlarymyzyň ýokarda sanalyp geçilen üç häsiýeti bolmandyr. Esasynda, biziň şu kitabyň sahypalarynda tanyşan adamlarymyz bu dünýäniň nukdaý-nazarynda adaty adamlar ýalydyr.
Elbetde, türme tussaglygy, ogurlanma ýa-da gizlenme wajyplygy ynam gahrymanlaryny maşgalasyndan, dostlaryndan ýa-da ýgynanyşygyndan aýra saldy, ýöne ýekelik ýa-da dünýäden aýra bolmaklyk Hudaýa öndürijilikli gulluk etmäniň zerur şerti däldir. Esasynda makaladaky agzalan gahrymanlarynyň diňe biri — ikinjisi — ruhy gahrymanlara mahsusdyr. Gahryman bolmak üçin batyrlyk gerekdir.
Şeýle-de bolsa, eýýäm ýokarda aýdylyp geçilişi ýaly, mesihiniň ynamyna goltgy berýän batyrlyk we edermenlik ýaly häsiýetler adama doglan wagtyndan berilmeýär. Batyr bolmaklyk — bu islendik adamyň özüniň jemleýän gysgajyk netijesinde belleýän endigi däldir. Adatça biz özümiz barada gürrüň berenimizde «batyr» diýen epiteti ulanmaýarys. Batyrgaýlyk ynam gahrymanynyň gürrüňsiz tapawutly tarapy bolýan bolsa-da, bu meýil däl-de, sylagdyr. Köp ýagdaýlarda biz adamyň batyrdygy ýa-da däldigi hakdaky netijä diňe şol adama bir zat bolandan soň gelýäris.
Maýk O’Hara özünde howply çiş keseliniň bardygy anyklanan mahalynda, «Ýaşlar Mesih üçin» atly guramanyň günorta-gündogar topary işleriniň çäklerinde mekdepde işlemäge başlajak bolup ýördi. Şeýle-de bolsa, Maýk özüni Hudaýyň ýetginjekler bilen işlemäge belländigini duýdy, şonuň üçin hem aýaly bilen doga edenden soň, işe girişme kararyna geldi. Şol bir wagtyň özünde ol ýokary derejeli bejergi hem alyp başlady. Bejergi alan döwründe ol şöhlelendirilýär. Ol şeýle hem şol wagtlar Täze Orleanda iň uly mekdep bolan Abramson adyndaky mekdepdäki okuwçylaryň arasynda wagyz edip başlaýar. Tizara ol himioterapiýa kursuny geçmeli bolýar, emma Maýk gullugyny dowam etdirýär.
Çiş keseli öýkene ýaýranda bolsa Maýk metastazy aýyrtmak üçin Hýustonyň keselhanasynda birnäçe gezek operasiýa etdirmeli bolýar. Ol wagtyny Hýustona edýän gatnawlarynyň özüne doga ediş ýygnanyşygyna barmaga we beýleki mesihilik işlerini etmäge päsgel bermez ýaly edip meýilleşdirýär. Eger özünde azajyk güýç tapaýsa, ol her hepde mekdebe gidip, çagalar bilen gürleşýärdi. Himioterapiýanyň netijesinde onuň saçy-da düşýär, ýöne daşky görnüşi ony ýekeje-de alada goýmaýardy. Şonuň üçin hem ol okuwçylar bilen gatnaşygyny dowam etdirýärdi. Ýetginjekler bilen işleşýän adamlaryň köpüsi iň kyn zadyň olaryň dünýäsine aralaşyp, şol dünýäde hem dost tapynmakdygyny boýun alýar. Şunuň ýaly adamlar mekdepde-de, naharhanada-da, hatda köçede-de özlerini hiç kimiň çagyrmadyk dabarasyna baran ýaly duýýarlar. Şol sebäpli-de olar özleriniň daşky görnüşine örän ünsli seredýärler, ýöreýşine we göwresini tutuşyna ähmiýet berýärler hem-de gürlän mahaly sözleri gaty salykatlylyk bilen saýlaýarlar. Maýkyň bolsa saçy ýokdy, özem gaty hordy. Elhenç kesel bilen nähili göreş alyp barandygy daşyndan bildirip durdy. Emma bu zatlar ony asla ünjä goýmaýardy. Ol arkaýyn mekdebe barýardy-da, hiç zat bolmadyk ýaly, çagalar bilen gürleşýärdi. Käwagt Maýky tanamaýan çagalar onuň daşky görnüşi babatda gelşiksiz gürrüňleri ýaýradýardylar. Ol jogap hökmünde ýylgyrýardy-da: «Hemme zat gowy. Mende çiş keseli bar. Ýöne men munuň hötdesinden gelerin» diýerdi.
Maýk bu işi alyp baran iki ýylynyň dowamynda özüni dolulygyna çagalara bagyş etdi. Agyrylara, gelşiksiz daşky keşbine we beýleki päsgelçiliklere garamazdan, Maýk mekdebe gatnap, çagalara özüniň ynamy we Mesih hakda gürrüň bererdi. Özüni Hudaýyň Täze Orleandaky, ylaýtada, Abramson adyndaky mekdebiň ýetginjekleri bilen işlemäge belländigini Maýk bilýärdi. Şonuň üçin hem demi gelip durka, hiç zat ony saklap bilmeýärdi.
Maýkyň ýogalanyna birnäçe aý geçenden soň, onuň mekdepde tapynan dostlary özleriniň pida bolan gahrymanyny ýatlamak üçin duşuşyk gurama kararyna geldiler. Olar öz synpdaşlarynyň Maýkyň eden wagyzlaryna düşünendigine hem-de bu ýaş Hoş Habarçylary şeýle etmäge nämäniň iterendigine göz ýetirmek islediler. Duşuşygyň bolup geçen jaýy adamdan ýaňa hyryn-dykyndy. Duşuşyk Maýkyň işi baradaky slaýdy görkezmeklikden başlandy. Onda Maýkyň mekdebe gelşi, çagalar bilen oýnaýşy we olar bilen ýöne bir gürleşişi görkezildi. Mundan soň birnäçe okuwçy Maýkyň kömegi bilen özleriniň durmuşynyň nähili üýtgändigi barada gürrüň berdi. Soň isleg bildirenleriň hemmesi Maýk baradaky ýatlama bilen çykyş etdiler. On okuwçy çykyş edenden soň, mekdebiň müdiri ýerinden turdy. Ol gözüne ýaş aýlap, Maýkyň özünde güýçli täsir galdyrandygy, onuň ruhy güýji we Mesihiň işine wepalylygy hakda gürrüň berdi. Maýk O’Hara Mesihe iman etdi. Ol özüni Hudaýyň namä çagyrandygy bilýärdi. Maýk bize mesihilik batyrlygynyň açyk göreldesini görkezdi.
Özüňizi Maýkyň ýa-da ynamy üçin türmede oturan Tomasyň ýa-da şu kitapda okan mesihileriňiziň ýerine goýup görüň.
Siz özüňizi nähili alyp barardyňyz? Siz näme ederdiňiz? Hudaýa doly bil baglamak we Onuň eradasyny berjaý etmek üçin siz nämeler etmäge taýýar bolardyňyz?
Maýk O’Haryň göreldesi bize, ine, şuny subut edýär; özümizi hemme zady bilýän Hudaýyň hemme zady gurşap alan aladasyna tabşyranymyzda, Ol bize öz pikirimizçe edip bilmejek ýaly bolup görnen zatlarymyzy etmäge-de ukyp sowgat berýär.
Şunuň ýaly mysallar adamy ruhlandyrýar. Biz haýsydyr bir mesihiniň öz ynamy sebäpli ejir çekendigini eşidenimizde üşerilýäris. Edil şol mesihiniň Hudaýyň geň galdyryjy ak patasyny alandygy hakda eşidenimizde bolsa, ony şatlyk bilen diňleýäris. Özümize Rebbe bolan ýönekeýje ynamyň bizi edermenlige ruhlandyrmaga ukyplydygyny ýatladanlarynda, ýüreklerimiz galkynýar.
Tokaýda täze durmuşyň çüýrüntgiden döreýşi ýaly, batyrgaýlyk hem beýleki mesihileriň nähili kynçylyklary ýeňip geçendiginiň mysalynda ösýär. Muňa resul Pawlusyň durmuşy aýdyň mysal bolup durýar. Onuň taryhy — ýöne bir derejede ösmäniň şekillendirilişi däl-de, yzarlanylýan we aňtalýan mukaddesiň düşen günüdir. Gämi heläkçilikleri. Daşlanylma. Töhmet. Ýenjilmeler. Zyndan. Pawlus ölende, jesediniň onuň ezýet içinde ölendigine şaýatlyk edýändigi göze dürtülip dur. Onuň endamy ýaralanandy we maýyp edilendi.
Pawlusyň zyndanda oturan ýerinde Filipidäki mesihilere ýazan hatynda, çeken ejirleriniň Pawlusyň göreşini synlamaga mümkinçiligi bolanlar üçin batyrlygyň çeşmesi bolandygy barada gürrüň berilýär. Filipililere hatda biz şeýle setirlere duş gelýäris: «Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin. Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy. Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler» (Filipililer 1: 12-14).
Beýleki mesihileriň kynçylyklaryň öňünde özlerini batyrgaý alyp barmagy bize gorkyny ýeňip, batyrrak bolmaklyga kömek edýär. «Azap çekenleriň sesi» guramasynyň «Ot astyndaky ynam» diýen wideofilmi wýetnamly gyzjagaz Lin Daonyň taryhyny gürrüň berýär. Liniň kakasy gizlin ýygnanyşygyň ruhy çopanydy. Ol öz ynamy sebäpli türmä salnypdy. On ýaşlyja Lin bilen uýasy kakasyny, ejesi bolsa adamsyny gaty küýseýärdi. Kakasy türmä düşýänçä, Lin çaga gyzyklanmalary bolan adaty gyzjagazdy. Ol hiç zadyň aladasyny etmeýärdi.
Emma kakasyny türmä salanlaryndan soň, onuň durmuşy durşuna üýtgedi duruberdi. Lin: «Men gije-gündiz doga edýärdim. Meniň imanym berkedi. Bar ünsümi nämede jemlemelidigimi, ýagny geljekde kakam kimin wagyz edip we öwredip bilerim ýaly, Mukaddes Kitaby öwrenmelidigimi bilýärdim» diýip ýatlaýar.
Günleriň birinde Lin mekdepden öýüne gaýdyp gelende, gözlerine ynanmady. Öýde oňa diri hem sagdyn kakasy garaşyp otyrdy. Bu onuň ömründe alan iň ajaýyp sowgady bolupdy.
«Men ylgap bardym-da, ony gujakladym. Biz gaty begendik. Özümiň her bir ädimimi Hudaýyň goraýandygy üçin men hiç zatdan gorkmaýandygymy aýdyp, bütin dünýä gygyryp jar çekesim geldi» diýip, Lin ýatlaýar.
Hiç zatdan gorkamok? Kiçijik gyzjagaz birneme ulaltdy? Bu batyrgaý sözler, hakykatdan hem batyrlyk görkezmeli bolanyndan köp öň aýdylypdy. Lin öý ýygnanyşygynyň ýolbaşçysy boldy. Munuň üçin ony birnäçe gezek polisiýa äkitdiler. Bir gezek polisiýa ony bäş günläp gün içinde dokuz sagatdan sorag etdi. Oňa iýer ýaly hiç zat bermediler we mekdebe gitmäge rugsat etmediler. Polisiýa ýaşlar toparynyň agzalarynyň atlaryny we olaryň näme bilen meşgullanýandyklaryny bilmek isleýärdi.
Lin bu ýagdaýda biziň garaşyşymyz ýaly hereket etdi: ol özüni gaýduwsyz alyp bardy. Mukaddes Ruhuň tussaglykdaka öz kakasyna beren batyrlygynyň şaýady bolany sebäpli, ol imanynda berkäpdi. Liniň kakasynyň döwülen ejir agajy täze şaha çykaryp ugrady.
«Siz näme üçin wagtyňyzy ýitirýärsiňiz? Biz edýän zadymyzy bilýäris. Biz gowy iş edýäris. Biz ýaşlara sagdyn durmuşda ýaşamaklygy we bu dünýäniň synaglaryna garşy durmaklygy öwredýäris» diýip, Lin polisiýanyň ofiserine aýtdy. Hudaý (diňe bir taryhyny okan wýetnamly mesihileriň däl-de) her bir mesihiniň şunuň ýaly batyrlyk görkezmäge ukyply bolmagyny isleýär. Adamlara Hudaýyň hakykatynyň nuruny ýetirmek isleýänler garşylyklary ýeňmeli we islendik ýurtda göreş alyp barmaly bolýarlar.
Riçard Wurmbrand on dört ýaşyndaka Rumyniýada bolup geçen wakany ýatlamagy gowy görýärdi. Dosty ony jelephana alyp barypdyr. Ýaşajyk Wurmbrand şeýle bir gorkupdyr we utanypdyr welin, ol ýerden aýak aldygyna gaçyp gidipdir. Bu ýeriň howply ýerdigini ol bilýärdi. Ep-esli wagt geçenden soň, ol bu waka öz tejribesiniň ýokarysyndan göz aýlanda we başdan geçiren duýgularyny ýada salanda, näme üçin ruhanylaryň, ruhy çopanlaryň we ýönekeý mesihileriň şonuň ýaly ölüm öýleriniň girelgesiniň öňünde garşylyk görkezip aýaga galmaýandyklaryna haýran galdy. Näme üçin mesihilere şonuň ýaly öýleriň gapysynda durup, şol gapydan girmäge synanyşýan ýetginjeklere özleriniň janyna abanýan howp barada aýtmaga batyrlyk ýetmezçilik edýärkä?
Özüniň «Hudaý bilen ýekelikde» atly kitabynda ruhy çopan Wurmbrand şeýle ýazýar:
Azat dünýäde iş taşlaýan işçileriň fabrigiň girelgesini gabap almasy adaty hadysadyr. Iş taşlaýyşa garşy bolýanlary iş ýerlerine goýbermejek bolup, olar köplenç güýç hem ulanýarlar. Biz, mesihiler hem edil şunuň ýaly, dowzahyň garşysyna çykyp, onuň gapylarynyň öňüni gabamalydyrys... Biz dowzaha garşy gozgalaňlarda durnukly bolmaklygy öwrenmelidiris. Biz dowzahyň daşyna kordon aýlap, hudaýsyzlaryň ol ýere girmegine ýol bermeli däldiris. Eger olar şol ýere girjek bolup, ýer depip dursalar, onda, goý, girsinler, ýöne diňe biziň jesedimiziň üstünden geçsinler. Biziň garşylygymyz tutanýerli bolmalydyr. Eger biz özümizi şunuň ýaly alyp barsak, Hudaý, elbetde, dowzahy ýapmaz. Eger dowzah bolmadyk bolsa, onda Hudaýyň kanunlarynyň hiç hili güýji bolmazdy. Ýöne hiç bolmanda dowzahyň boşaýmagy mümkin.
Batyrlyk bize Mukaddes Ruh tarapyndan sowgat berilýän bolsa-da, hatda ol öz ynamy sebäpli ejir çekmäge taýýar bolanlaryň durmuşyndaky çydamlylygyny we gaýduwsyzlygyny görenimizde ösýän bolsa-da, barybir awtomatik ýagdaýda batyr bolmaýarys. Bu häsiýeti biz gürrüňsiz peýda bolýan zat hökmünde alyp bilmeýäris. Batyrlyk görkezmeklik öz-özünden ýüze çykýan däldir. Biz özümizi bilgeşleýin batyrgaý alyp barmalydyrys. Bu bolsa, özümizden batyr we gaýduwsyz bolmaklyk talap edilende, biziň gaçmaly ýa-da gizlenmeli däldigimizi aňladýar.
Gynansak-da, günä garşy ýa-da Mesih üçin öňe çykmaly bolanda, köpler bir gyrada galmaklygy makul bilýärler. Biz bir zada düşünmelidiris, ahlaksyzlygy ýaýratmaklyk — özümiziň Halasgärimize edilýän çozuşdyr.
Siz soňky gezek haçan hakykat ýa-da özüňiziň dogry hasaplaýan zadyňyz üçin döş gerip durmak islemediňiz? Sizi näme saklady?
Rumyniýada kommunistler ýurdy dolandyran döwründe, bir mesihi aýal bilen onuň okuwçy gyzy öz ruhy çopanynyň tussag edilenine garşy çykyş edendikleri sebäpli türmä salyndy. Türmede kiçijik gyzy görmeklik, ähli tussaglaryň ýüregini awadýardy. Adaty bolmadyk bu ýagdaý hatda türmäniň başlygyny-da ünjä goýýardy. Türmäniň başlygy ol aýala: «Çagaňyza nebsiňiz agyrsyn. Ynamyňyzdan ýüz öwrüň, men siziň ikiňizi-de goýbereýin» diýipdir.
Synagdan üstün çykmak aýala ýeňil bolmady. Ol Rebbi söýýärdi, ýöne ol öz gyzyny-da gaty gowy görýärdi. Özüniň bigünä çagasynyň geljegi baradaky pikirler ony gynaýardy. Aýal köp ikirjiňlenenden soň, eger şeýle etmeklik öz çagasynyň ejir çekmegini bes edýän bolsa, onda ynamyndan ýüz öwürmäge taýýardygyny türmäniň başlygyna aýdýar. Şondan soň olaryň ikisinem goýberýärler.
Mundan iki hepde geçenden soň, ýerli häkimiýet ýüz öwürme dabarasyny gurady. On müň adamyň ýygnanan ýerinde ýokarda durup: «Indi men mesihi däl!» diýip gygyrmaga aýaly mejbur etdiler.
Mundan soň aýal gyzy bilen öýüne gaýdyp gelýärkä, gyzjagaz ejesine: «Ejejan, seniň bu günki eden zadyňdan Isa göwnühoş boldy diýip pikir etmeýärin» diýdi. Çaganyň sözleri enäniň ýüregini para-para etdi. Aýal gyzyna bu hereketleri enelik söýgüsi zerarly edendigini düşündirjek boldy. Gyzjagaz ejesiniň gözüne seredip, batyrlyga we akyldarlyga şaýatlyk edýän sözleri aýtdy. Bu sözler oňa diňe özüniň Gökdäki Atasy tarapyn gelipdi. «Men saňa söz berýärin. Eger biz türmä Isanyň hatyrasy üçin gaýdyp barmaly bolaýsak, onda men aglamaryn».
Ene öz duýgularyny saklap bilmedi. Ol gyzyna bolan şatlykdan we guwançdan, özüniň ejizligi sebäpli utançdan doldy. Ol Rebbe ýüzlenip, öz güýji ýeterden çökder gelýän batyrlygy bermegini soraýar-da, türmäniň başlygynyň ýanyna gaýdyp baryp, ýüz öwürmesinden el çekýändigini aýdýar. Ol gynançly ýürek, ýöne dogumly ses bilen: «Siz meni gyzym üçin imandan ýüz öwürmeklige yrdyňyz, emma gyzym maňa garanda batyrgaýrak bolup çykdy» diýýär.
Eneli gyz türmä yzlaryna getirilýär. Gyzjagaz hem beren wadasynda durup, şondan soň öz gorkularyna erkini aldyryp aglamady.
Batyr bolmaklyk gorkmazlygy aňlatmaýar. Batyr bolmaklyk — gorkyny duýmaklygy, ýöne şonda-da edilmeli zady etmekligi, Hudaýyň özümizi çagyran işini etmekligi aňladýar. Batyr bolmaklyk gorkmazak bolmaklygy aňlatmaýar-da, gorka garamazdan wepaly bolmaklygy we hereket etmekligi aňladýar. Bu hem Hudaýyň sowgat beren batyrlygydyr.
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň bir wekili özüniň ýaňy-ýakyndaky sapary döwründe birnäçe mesihiler bilen duşuşdy. Olardan diňe birisi gorkýandygyny boýun aldy. Ol öz öýünde gizlin mesihi ýygnanyşyklaryny geçirýän ýigrimi alty ýaşly aýaldy. Munuň üçin ony islendik minutda tussag edip, hatda öý-öwzaryndan hem mahrum edip bilýärdiler. Ýöne şonda-da ol her hepdede öz gapysyny mesihiler üçin açmagyny dowam etdiripdir.
Guramanyň wekili ondan gorkýandygyny ýa-da gorkmaýandygyny soranda ol: «Azajyk gorkýaryn» diýip jogap beripdir. Soň oňa eger häkimiýet özüniň edýän işleri barada biläýse näme boljagyny soranlarynda ol: «Men munuň ýaly zatlar hakda pikir etmek hem islämok» diýipdir. Ýöne ýygnanyşyklar dowam edipdir.
Ýerli mesihileriň biri baran wekile aýalyň ozal tussag bolup görmändigi üçin gorkýandygyny düşündiripdir. Soň şol ýerli mesihi aýaly tussag edenlerinde, onuň kyn pursatlarda Hudaýyň Öz çagalaryny taşlamaýandygyny görjekdigini, şonda aýalyň gorkmajakdygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetiripdir. Bu mesihi aýalyň kynçylyklaryň içinden geçmek we ynamyny goramak bilen, beýleki mesihileriň görkezýän batyrgaýlygyny gazanyp biljekdigini aýtmak isläpdir. Olaryň köpüsi tussag edilipdir, soraga çekilipdir, hatda türmä-de salnypdyr. Şu kyn pursatlary başdan geçirenlerinde, olar Hudaýyň wepalydygyna göz ýetirdiler-de, Ol barada batyrgaý wagyz edip başladylar.
Batyrgaý bolmaklyk ilkinji nobatda, näme durýandygyna garamazdan, Hudýyň eradasyny ýerine ýetirmekligi aňladýar. Ondan soň Hudaýdan ýol görkezmegini we güýç bermegini sorap edýän dogamyz gelýär. Şondan soň öz ynamymyzy batyrgaýlyk bilen yglan edenimizde, ýanymyzda Hudaýyň barlygyny we Onuň güýjüni duýýarys. Bu bolsa bize indiki ädimi ätmeklige ýardam edýär.
Merdana mesihiler özleriniň nämä çagyrylandygyny bilip, iman bilen hereket edýärler hem-de Mukaddes Ruhdan güýç alyp, Hudaýa we Onuň söýgüsine bil baglaýarlar. Siz şol gahrymanlara goşulmak islemeýärsiňizmi?
• Durmuşyňyzda belli karara gelip, batyrlyk görkezen gezekleriňiz barada oýlanyň. Siz nämä töwekgelçilik etdiňiz? Şol pursatda näme duýandygyňyzy ýada salyň. Sizde Hudaýyň wepalylygyna nähili şaýatlyk boldy?
• Häzir sizden haýsy ýagdaýda mesihiniň batyrlygy bilen berkligini görkezmeklik talap edilýär? Bu ýagdaýy siz kim bilen ara alyp maslahatlaşardyňyz we ondan özüňiz üçin doga etmegini sorardyňyz?
• Türmä basylan ruhy çopan Tomas isleginiň güýjüni görkezmek bilen özüni batyrgaý alyp bardy. Urulmadan gaýdyp gelenden soň hem ol öz wagzyny dowam etdirdi. Hoş Habary ýaýratmak işine siz nähili gatnaşýarsyňyz? Siz Mesihiň işine goşant goşmagy dowam etdirmek isleýärsiňizmi? Siz bu islegiňiz hakda kime aýdyp bilersiňiz?
• Batyrlyk beýleki mesihileriň mertliginiň mysalynda takyk ösýär. Şu hepdede Resullaryň işlerini hökman gaýtadan okap çykyň. Pikiriňizde resullaryň çeken ejirlerini bile çekişip bileriňiz ýaly, ýeterli akyl bermegini Hudaýdan soraň. Ýöne munuň bilen çäklenmäň. Mukaddes Kitapda okan kynçylyklaryňyzy ýeňip geçen mesihiler üçin doga ediň.
• Hudaý Özüniň yzarlanylýan Ýygnagyny goldar ýaly, edermen mesihileri gözleýär. Eger bu kitapda gürrüňi edilen wakalar özüňizde Isa üçin bir zatlar etme islegini tutaşdyran bolsa, onda «Azap çekenleriň sesi» guramasyna hat ýazyň. Onuň salgysy:
5 bap
Çydamlylyk
Mesihileri ýigrenýänleriň zalymlygy hiç hili çägi bilmeýär. Elliden gowrak ýyl mundan ozal Riçard hem Sabina Wurmbrandlar bilen Rumyniýada gizlin ýygnanyşykda işlän gyz polisiýanyň gözlegi astyna düşýär. Şol gyzyň Täze Ähti gizlin ýaýradýandygyny hem-de çagalara Mesih hakda gürrüň berýändigini polisiýa bilipdir. Ony munuň ýaly gabahat işi üçin nädip jezalandyrmak barada pikirlenenden soň, poliseýler gyzy tussag etme kararyna gelipdirler. Ýöne adaty tussaglyk we türmä salmaklyk olaryň nukdaý-nazarynda ýeterli bolmandyr. Olar gazaply jeza bermekçi bolupdyrlar. Poliseýler mesihi gyz üçin jezany has ejirli etmek isläpdirler.
Polisiýa işgärleri bu gyz barada maglumat taýýarlanlarynda, onuň tizara durmuşa çykmalydygyny bilipdirler. Şonda olar gyzyň tussag edilmeli gününi, onuň toýy gününe çenli yza çekipdirler. Toý güni gelip ýetende, polisiýa işgärleri özleriniň gizlin meýilnamasyny amala aşyrdylar. Özüne nämäniň garaşýandygyny bilmedik gelin, bütin ömrüne arzuw edip gelen ajaýyp köýnegini geýdi. Bu onuň durmuşyndaky iň bagtyýar gün bolupdy! Şol gün garaşylmadyk ýagdaýda birden onuň otagynyň gapysy giňden açylýar-da, içerik polisiýanyň gizlin jansyzlary kürsäp girýär.
Gyz polisiýa işgärlerini görende, poliseýleriň pikiriçe özüni birgeňsi alyp barypdyr. Gyz eline tizräk gol gandallarynyň geýdirilmegini isleýän ýaly, ellerini öňe uzadypdyr. Poliseýler öz abraýyny ýitirmejek bolup, derrew gyzyň ellerine gol gandalyny geýdirdiler. Gyz aňk-taňk bolup galan ýigidine gözüni gypyp, gol gandallaryny ogşaýar-da: «Men toýum güni beren bu gymmatbaha sowgady üçin Gökdäki Ýigidime minnetdardyryn. Meni Özi üçin jebir çekmeklige mynasyp görendigine minnetdar» diýýär.
Gyzy toý köýneginde göni türmä äkidýärler. Bolýan zatlaryň hakykatdan hem bolup durandygyna ynanmadyk maşgalasy we mesihi dostlary agladylar. Hemmeler güýjünde baryny edip saklanjak bolup duran ýigidi köşeşdirdiler. Onuň alada galmaklyga hemme esasy bardy. Mesihi gyzlar poliseýleriň eline düşende näme bolýandygyny ol bilýärdi.
Gelin bäş ýyl geçenden soň azatlyga çykaryldy. Onuň egninde öýünden geýip giden köýnegi-de, bir wagtky guwanan gözelligi-de ýokdy. Ol öz ýaşyndan otuz ýaş garry görünýärdi. Onuň bedeni tapdan düşendi, emma ruhy ejizlemändi. Ol öz arzuwyna berk ýapyşyp durdy. Hiç zat ony yrandyryp bilmeýärdi. Onuň ýigidi-de berk durdy. Ol gyza gelýänçä garaşdy. Ýigit bu hereketiniň Mesihiň hatyrasyna edip bilen iň kiçijik işidigini aýtdy.
Bu tolgundyryjy waka «Azap çekenleriň sesi» guramasyny esaslandyryjy Riçard Wurmbrandyň ýazan «Mesih üçin jebir çekenler» atly kitabyndan alyndy. Bu wakada türmä düşen gyzam, elinden gelni alnan ýigidem durnukly bolup çykdylar.
Ynam gahrymanynyň tapawutlandyryjy häsiýetleriniň biri-de — yranmaz ruhdur. Mesihe çyn ýürekden wepaly bolan merhemetli toprakda çydamlylyk bilen sabyrlylyk miwesi ösýär. Rebbiň öňünde meýletin boýun bolýanlar we Onuň yzyna düşmäge jan edýänler ruhy güýjüň ätiýaçlyklaryny toplaýarlar.
Minusius Feliks Mesihe tobä etmänkä adaty aklawjydy. Onuň ýaly aklawjylar Mesih doglanyndan soňky III asyrda Rimde az däldi. Mesihe iman etmezinden öňki we soňky döwürdäki durmuşyna göz aýlanda, Feliks adamlaryň nädip has çydamly we durnukly bolýandyklary barada pikirlendi. Ol şeýle ýazýar: «Owadan durmuşda ýaşanymyzda ruhumyz ejizleýär, ýöne kyn ýagdaýa düşenimizde berkeýär... Reb synaglary bizi jezalandyrmak üçin däl-de, ruhumyzyň taplanmagy üçin berýär. Biz kyn pursatlara durnukly bolmaklygy öwrenýäris. Munuň netijesinde-de, gowy häsiýetlerimiz terbiýelenýär. Iň kyn pursatlarda Hudaý bize baha berýär, sebäbi kynçylyklarda bizdäki hakyky “men” ýüze çykýar».
Bu zatlary Feliksiň şahsy tejribesinde öwrenendigine şübhe bolmasa-da, onuň pikirlerini asyl nusga hasaplap bolmazmyka diýýärin. Feliksden iki ýüz ýyl öň ýaşap geçen bir adam, Täze Ähtiň aglaba böleginiň ýazary Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy bilen kynçylyklarda öz häsiýetiniň emele gelendigi hakda oýlanypdyr. Resul Pawlus özüniň Rimdäki mesihilere ýazan hatynda synaglaryň içinden geçende, mesihiniň imanda berk durmagy nädip öwrenişini suratlandyrýar. Pawlus bu babatda döreýiş döwri hökmünde aýdýar.
«Diňe munuň bilen hem däl, eýsem muşakgatlar bilen hem magtanýarys; çünki muşakgatlaryň çydamy, çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýänini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» (Rimliler 5:3-5).
«Azap çekenleriň sesi» guramasyndan bolan Edwards Konner Pawlusyň pikirini tassyklap, şeýle diýýär:
Özümizi synaglar tokaýynyň içinden geçirmäge Perwerdigäre rugsat berenimizde, biz çydamly we durnukly bolýarys. Berk durmaklygy öwrenmeklik — bu marafona taýýarlanan ýaly bir zatdyr. Biz Mukaddes Kitapda: «Eger sen pyýadalar bilen ylganyňda ýadan bolsaň, onda atlar bilen nädip ýaryşjak? Eger sen parahat ýurtda howpsuz bolan bolsaň, onda Iordany suw alanda näme etjek?» (Ýeremiýa 12:5) diýýän sözlere duş gelýäris. Bu aýat durnukly we çydamly bolmaklygyň nämedigine düşünmekligiň açarydyr. Eger biz şu günki gün işde, öýde, mekdepde we ş.m. ýaly durmuş synaglary bilen duşuşmaga taýýar bolmasak, onda ruhy durmuşymyzda garaşýan has kyn synaglaryň hötdesinden nädip gelip bileris? Eger gündelik stresiň hötdesinden gelmeýän bolsak, onda Hudaý özümizi bir işe, aýdaly ýurdumyzdan uzakdaky hoş habarçylyk gullugyna çagyran wagty gelýän tolgunmany nädip ýeňeris? Eger kiçiräjik synaglary goýberip, özümizi «türgenleşdirmäge» Hudaýa rugsat bersek, onda Ol soňunda bize has uly işleri ynanar. Şonda biz has agyr kynçylyklary-da ýeňeris.
Konner mamla. Marafona hemme adam hem gatnaşyp bilýär. Hemme adam hem sport geýimlerini we krossowka satyn alyp, ylgaw ýoluna çykyp, start sapançasynyň sesine şatlykly gygyryp we ylgap bilýär ahyryn. Ýöne aralygyň hiç bolmanda ýarysyny, ylaýtada, pellehana çenli aralygyny diňe fiziki taýdan sagdyn bolan adamlar geçip bilýär. Marafona gatnaşyjylar birnäçe menzil ýol geçenlerinden soň, özlerini türgenleşigiň agyr (kähalatlarda bolsa agyryly) ýollaryndan geçirendigi üçin tälimçilerine minnetdar bolýarlar. Sebäbi olar şol türgenleşikleriň arkasyndan çydamly bolmaklygy öwrenýärler.
Hakyky marafonçylaryň tapawutly tarapy, olar pellehana artykmaç güýç bilen gaýdyp gelmäge ukyplydyrlar. Muňa diňe yzygiderli türgenleşme arkaly ýetip bolýar. Yzarlanmalara duçar edilen bütin dünýädäki mesihiler hem edil şunuň ýaly ýol bilen sabyrly we çydamly boldular. Olaryň kynçylyklary ýeňip geçmeli bolanda büdreýän bolmagy ahmal, ýöne olar hiç haçan depginlerini gowşatmaýarlar. Olar büdreseler-de, hemişe ýerlerinden galýarlar. Özlerini yzarlaýanlaryň, türmä salýanlaryň we gynaýanlaryň berýän kelle agyrylary, urýan daşlary hem-de haýykdyryjy ýara yzlary olary saklap bilmeýär.
Gündogar Ýewropadaky, Hytaýdaky, Indoneziýadaky, Päkistandaky we Palestinadaky häzirki mesihi gahrymanlary ruhy marafonçylardyrlar. Irki Ýygnagyň atasy Tertullian barada olaryň hiç haçan eşitmedik bolmagy-da ahmal, ýöne olar onuň nukdaý-nazaryny goldaýarlar. Eger Hudaýyň öz ýolumyzda goýan kynçylygyndan gaçmaga synanyşjak bolsak, onda Ony masgaralaýandygymyzy Tertullian aýdypdy.
Aýtsaňyzlaň, siziň ruhy terjimehalyňyzda durmuşy marafon däl-de, edil gysga aralyga ylgaýyş ýaly hasaplap ýaşan pursatyňyz boldumy? Özüňize gelip, birneme çydamlyrak bolmagyňyz üçin size näme gerek?
Ýöne pellehana diňe bir ynamy sebäpli yzarlanylmalara duçar bolan mesihiler gowy netije bilen ýetýär diýip bolmaz. Birnäçe ýyl mundan ozal, ömrüniň elli ýylyny Hoş Habary dürli ýurtlarda ýaýratmaga bagyş eden hoş habarçylara sylag gowşurma dabarasy bolup geçdi. Aýratyn-da, olara Hudaýyň gulluga çagyryşynyň ömür boýy dowam edýän marafona meňzedilýändigi ýazylan tagtajyk gowşuryldy. Tagtajykdaky tekstde şeýle diýilýärdi:
Edil şu zatlary atlary Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda agzalan ynam gahrymanlary hakda-da aýtsa bolar. Şol baby ýene bir gezek okaň. Gahrymanlaryň sanawyna her dürli, her milletden bolan, her dürli kärdäki adamlar girdi. Olaryň ykballary-da bir meňzeş däldi. Yzarlanmalara olaryň hemmesi duçar bolmady, ýöne her haýsysynyň üýtgeşik imany bardy. Olaryň hiç haýsysy-da hakykat ýolundan çykman, ony soňuna çenli geçip, pellehana ýetdiler. Riçard Wurmbrand hem şeýle etdi.
Azar berlen Ýygnagyň bu wepaly goragçysy togsan dokuz ýaşynda soňky demini alyp, gökdäki bosagadan ätledi. Onuň mejaldan gaçan bedeni ýaş ruhy çopanka çeken ezýetlerine şaýatlyk edýärdi. Ol özüniň ýerdäki durmuşynyň ahyrynda tapdan düşdi we ýüzüni gasyn örtdi. Şeýle-de bolsa, ruhy çopan Wurmbrand hemme zada döz geldi-de, Hudaýyň merhemeti bilen pellehana ýetdi. Onuň üçin gökleriň şu ýüzündäki durmuş barlaghana boldy. Şol barlaghanada Hudaý oňa kynçylyklaryň içinden güýç tapyp almak we diňe Özüne bil baglamak baradaky ylmy öwretdi.
Eýýäm aýdylyp geçilişi ýaly, bu barlaghananyň gapysy diňe bir imany sebäpli türmede oturyp çykanlar we endamynda urulmalardan ýaňa ýara yzlary galanlar üçin açyk däldir. Ol gapydan öz ömrüni beýik maksada bagyş etmek isleýän islendik adam girip biler.
Piter Matson şwed immigrantydy. Ol bir gezek Hudaý özüniň täze ýurduny, ýagny Amerikany goýup, Isanyň Hoş Habaryny wagyz etmek üçin Hytaý halkynyň arasyna ugramaklyga çagyrýar diýen netijä geldi. Piter XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ABŞ-nyň Hoş Habar ýygnanyşyklarynyň arka durmagy esasynda, gämide San-Fransiskodan Hytaýa ugramak bilen öz marafonyna başlaýar. Ol Hytaýa baranyndan soň hytaýlylar ýaly geýinýär. Hudaýyň Sözüni ýetirmek isleýän halkynyň medeniýetine hiç bir kemçiliksiz uýgunlaşmaga çalyşýar. Düşnüşmezliklere we garşylyklara duş gelende, dost tutunyp, özüniň diňlenilmegini gazanmaga synanyşdy. Onuň lapyny keç edip, göze görnüp duran hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Özüniň ilkinji şägirdini suwa çümdürme hormaty miýesser etmezden öň, ýaş Piter Matson «ýaşuly» Matson boldy duruberdi. Diňe Hytaý topragyna aýak basanyna otuz ýyl geçenden soň, ol ynamyň estafeta taýajygyny geçirip bildi. Şeýle-de bolsa Piter ýan bermedi. Lapykeçlik, agyry we ýurduny küýseme duýgularyny duýmak bilen has-da taplandy.
Hoş Habary ýaýratmak isleseler, mesihileriň näderejede berk bolup bilýändigi barada eşidenimizde, är-aýal Deýw bilen Mitsi Şinenleriň bütin ömrüni Bering deňziniň içindäki uzak adada bilgeşleýin geçirip bilşine düşünýärsiň. Bu adamlaryň maksady Hudaýyň Sözüni arktiki tireleriň diline terjime etmekdi. Ýerli halklar öz dillerinde Hudaýyň gürleýändigini eşider ýaly, olarda ýazuw ýokdy. Amala aşyrylmagy üçin otuz ýyl talap edilen işe başlamagyň nähili bolýandygyny göz öňüne bir getirip görüň! Ýöne şunuň ýaly wakalar Täze Giwineýa, Indoneziýa we Meksika ýaly ýerlerde hem gaýtalanyp dur.
«Uiklifiň Mukaddes Kitabynyň terjimeçileri» guramasynda otuz ýyldan gowrak terjimehal düzüji bolup işlän Hýu Stiwen durmuşy öwrendi we köp mesihilerden söhbetdeşlik aldy. Stiweniň bilen zatlary Ýygnagyň taryhçylarynyň eýýäm ýüzlerçe ýyllardan bäri aýdýan zatlary bilen gabat gelýär. Hudaýyň öňden özüňe niýetlän wezipesini agyr we kynçylyklardan doly şertlerde ýerine ýetirseň, onda «ýumşy ýerine ýetirmeklik» kanagatlanma getirýär.
Pensiýa gitmeziniň öň ýanynda Stiwen özüniň hoş habarçy we terjimehal düzüji tejribesini öz ýazan kitabynda giňden bermek isledi. Şol kitapda onuň Mukaddes Kitabyň terjimeçilerine kömek edip biläýjek şahsy gahrymançylykly wakalary, adamlaryň imany we Hudaýa wepalylygy barada gürrüň berilýär. Ol bu zatlary «Ýazyjylygyň we döredijiligiň tebigaty» diýen kitabynda ýazdy. Stiwen bu kitabynda taryhyny ýazan hoş habarçylaryň çydamlylygynyň özüne ýazyjy bolaly bäri belli bolan ýörelgeleri şekillendirendigini düşündirýär. Stiwen hoş baharçynyň gullugyny nämäniň täsirli edip bilýändigi bilen gowy nowella ýazmak üçin nämäniň zerurdygynyň arasyndan deňeşdirme geçirýär.
Ol şeýle ýazýar: «Hut garaşylmadyk sowgatlardan, howplardan, töwekgelçilikden hem-de dogry saýlaw etme zerurlygyndan doly bolan ýol adamyň tebigatyny açyp görkezýär diýip hasaplaýaryn. Bir söz bilen aýtsak, ýol — bu taryhdyr, sebäbi ýolsuz maksat hem bolup bilmez».
Bu diňe bir Täze Ähtiň terjimesini gutarmak üçin ömrüniň otuz bäş ýylyny sarp eden Mukaddes Kitap terjimeçileri däl-de, pellehana çyzygyna ýetmekde depgini saklaýan bütin dünýädäki kiçijik ýygnanyşyklaryň ruhy çopanlary babatda hem hakykatdyr. Bu hakykata çydamly bolandyklary sebäpli, ýolda şatlyk bilen buýsanç duýgusyny duýan adaty işçiler, mugallymlar we telekeçiler, öý hojalykçylar düşündiler. Riçard Wurmbrandyň on dört ýyl türme tussaglygynda edişi ýaly, her bir mesihi hem özüni terbiýeläp bilýär. Haýsy ýurtda ýaşaýandygymyza, näme edýändigimize garamazdan, hemmämizem pellehana üstünlikli baryp bileris. Ýöne munuň üçin biz maksadymyzy hemişe ýadymyzda saklamalydyrys.
Pawlus
Marafonyň dowamynda maksadyny ýitirýän ylgawçylaryň ýoluny urduran bolup çykmagy hem-de güýçden we batyrlykdan mahrum bolmagy ahmal. Öýkeniň ýarylara gelende, sähel hereketde aýagyň janyňy alyp barýan bolanda, her bir ädimiňi uly hupbat bilen ädeniňde, elleriňi galdyryp, saklanyberesiň gelýär! Emma öz maksadyny görýän ylgawçylar ruhlanýarlar-da, ylgawy dowam etdirip, pellehana ýeter ýaly güýçden doly bolýarlar!
Siz nähili pikir edýärsiňiz, pellehana lentajygyny görmäge size näme päsgel berýär we näme Hudaýyň taýýarlan sylagyndan ünsüňizi sowýar?
Pawlus Rimdäki mesihilere gowy nusgalardan daşda bolan durmuş ýagdaýlaryna dogry çemeleşmelidigini öwretmäge synanyşyp ýazan hatyny ruhy taglymat ugrundan hiç hili bilimi bolmadyk adaty mesihilere ýazýar. Şol adamlar hem edil biziň ýaly adamlardy. Olar hem edil Ester Palmer ýaly adamlardy.
Ester Palmer Gündogar Koliforniýada ýaşaýardy. Ol preswiterian ýygnanyşygyna gatnaýardy. Bu ýygnanyşyga adatça barly adamlar gatnaýardy. Ýygnanyşygyň girdejisiniň elli göterimi hoş habarçylary goldamaga gidýärdi. Ýygnanyşykda şeýle hem Hudaýyň Sözüni çagalara öwredýän topar guralypdy. Şol toparlaryň sapaklaryna Esteriň iki ogly hem gatnaýardy.
Ester Reb bilen bolýan gatnaşyklara çynlakaý garaýardy. Ol ulular üçin işleýän dynçgüni mekdebini we Mukaddes Kitap öwredilýän sapaklary gaty göwy görýärdi. Ol hoş habarçylary goldamak boýunça ýygnanyşyklar toparlarynyň birinde uly höwes bilen işleýärdi. Ýygnanyşyklaryň ruhy çopanlarynyň mesihiligiň ýaýraýşy bilen çuň gyzyklanmalarynyň kömegi bilen Ester dürli ýurtlardaky yzarlanmalara sezewar edilen mesihileriň ykballary hakda eşitdi. Ester bu ynam gahrymanlarynyň çydamlylygyna buýsandy. Özüniň hem tizara diňe Hudaýa bil baglap, batyrlyk görkezmeli hem kynçylyklary ýeňip geçmegi öwrenmeli boljakdygyny ol bilmeýärdi.
Otuzdan geçenden soň Esteriň rewmatoid artriti — bogunlaryň sowuklamasy — güýjäp ugrady. Kesel şeýle bir tiz ösýärdi welin, agyrylar gitdigiçe agyrlaşýardy. Her bir gün Ester üçin dowzahyň içinde geçilen ýaly bolýardy. Esteriň dostlarynyň biriniň aýdyşy ýaly, ol her ädimde ölüp direlýärdi. Ester tesellini ýygnanyşykdaky doganlarynyň arasyndan gözleýärdi, ýöne ýygnanyşyga barmak hem onuň üçin agyr mesele bolupdy. Onuň bedeni hereketsiz bolup galdy. Barmaklary gaňryldy, dyzlary eplenmedi. Kesel onuň boýnuny-da gandallady. Indi Ester kellesini-de gymyldadyp bilmeýärdi. Düýbünden gymyldap bilmän galmagynyň üstesine-de, ol elhenç agyrydan ezýet çekýärdi.
Ilki başda Ester özüni gynamaýardy. Köplenç bolşy ýaly, oňa teselli bermek üçin dostlary onuň ýanyna az gelýärdi. Bu bolsa ony gaty gynandyrýardy. Şeýle-de bolsa, dostlarynyň maslahatyna gulak asyp, ol öz keselini Hudaýyň maksadynyň bir bölegi ýaly kabul etdi. Ýygnanyşygynda taryhyny eşiden ynam gahrymanlary ýaly, ol jepalary çydamlylyk bilen çekdi. Ester her gün Mukaddes Kitaby okady, doga etdi. Adamsynyň öz meseleleri bilen gümra bolandygy sebäpli, keselden sagalma kursunyň ýekelikde geçýändigini ol köp duýýardy. Şeýle-de bolsa, jepalardan sapak alyp, ol sagalyp biljekdigini subut etdi.
Geň galaýmaly, beýleki barmaklaryndan tapawutlylykda, süýem barmagy gaňrylman galypdy. Bu barmak epilmese-de, gös-gönüligine galypdy. Ester şol barmagy bilen telefon enjamynyň düwmejiklerine basyp bilýärdi. Ester özüniň ýekeje barmagyny hem Hudaýyň şöhraty üçin ulandy. Öz ýygnanyşygyndaky gaçgaklary ýerleşdirme toparynyň agzasy hökmünde Ester telefon dispetçeri bolmaklyga çagyryldy. Özüniň ýekeje barmagyny ulanyp, ol dürli haýyr-sahawat jemgyýetlerine jaň edip, Ester gaçgaklar üçin mebel, egin-eşik we öý goşlaryny alýardy. Hatda Ester toparyň ýygnagyny hem gurady. Ester mümkinçilikleriniň çäklidigine garamazdan, özüniň peýdaly bolup biljekdigini bildi. Ester bir zada düşündi: distansiýadan çykmazlyk üçin oňa diňe süýem barmak gerek eken. Ol gözlerini Isa dikip, öz paýyna düşen ýüki (Ýewreýler 12:1) ölýänçä sabyrlylyk bilen çekdi.
Eger siz haçan hem bolsa bir wagt Mesih sebäpli jebir çeken mesihä duşsaňyz, şol adamda üýtgeşik bir zat taparsyňyz. Bu adamyň bedeninde galan (fiziki ýa-da ruhy) ýara yzlary onuň üçin buýsanç bilen göterýän tapawutlandyryjy belligi ýaly bir zat bolup galýar. Munuň sebäbi — şol adamyň ýolda Hudaýyň görünmeýän barlygynyň kömegi bilen duýan şatlygydyr. Reb, To Din Trang bilen Li Deksian ýaly, sabyrlylygyň bahasyna garamazdan, uzak sabyrly bolýan her bir adama hemra bolýandyr.
Mesihe iman edendigi sebäpli To Din Trangy alty aý möhlet bilen türmä basýarlar. Öýünde onuň aýaly bilen kiçijik çagalary galýar. Ol türmä düşenden soň, Hudaýyň Sözüni beýleki tussaglara-da wagyz edýär. Olaryň hem birnäçesi Mesihe iman edýär.
To Din Trangyň türmä basylanyna üç aý geçenden soň, «Azap çekenleriň sesi» guramasy ady bilen salgysyny görkezip, onuň başyna düşen wakany çap edýär. Munuň netijesinde Wýetnam häkimlerine bu mesihini goýbermekligi haýyş we talap edip, birnäçe müňlerçe hat gelýär. Ýönekeý raýat üçin bolýan beýle hereketlere we goldawlara agzyny açan häkimler tussagy goýberme kararyna gelýärler. Emma olary geň galdyryp, To Din Trang wagtyndan öň türmeden çykmakdan boýun towlaýar. Şol wagt ol köp tussaglary Mesihe getiripdi, şonuň üçin hem özünden başga olara Hudaýyň Sözüni öwredip biljek adamyň ýoklugy ony alada goýýardy. To Din Trang maşgalasynyň içine barandan, bu mesihilere imanda berkemäge kömek etmeklik has wajybrak diýip oýlady. Şol sebäpli-de, ol Hudaýa gulluk etmek hem-de Onuň Ýygnagyny gurmak üçin türmede ýene üç aý uly şatlyk bilen galdy.
Bu setirler kagyz ýüzüne ýazylan wagty ýene-de bir gaýduwsyz ruhy çopan Li Deksian Hytaýyň bir türmesinde jeza çekýärdi. Ondan özüni eýýäm näçe gezek tussag edendiklerini soranyňda, ýöne egnini gysaýýar, sebäbi ol sanyny ýatdan çykarypdy. Ýöne ýüzündäki ýylgyrşyň özi onuň duýgularyny aýdyň görkezýär. Ol näçe gezek tussag edilenini sanamaýar-da, Mesihe bil baglaýar. Poliseýleriň hereketi ony birjik-de gyzyklandyrmaýar, ol diňe mesihileri nädip imanda berkitmegiň aladasyny edýär. Ol tussaglygy barada däl-de, Hudaýyň ak patalary hakda gürrüň etmek isleýär.
«Yzarlanma-da öz başyna bir ak patadyr. Biz Mesihe gelenimizden soň, Ol bize täze durmuş berýär. Yzarlanma hem şol täze durmuşyň bir bölegidir» diýip, Li Deksian aýdýar. Ruhy çopan Li bilen yzarlanmalara sezewar edilen beýleki mesihiler yzarlanmalardan gorkmaýarlar we olara öwünmeýärlar. Olar göreşi hem jebirleri özleri üçin Mesihiň Öz gany bilen gazanan täze durmuşynyň bir bölegi hökmünde kabul edýärler. Bu zatlara tejribe arkaly düşünilýär.
Li türme tussaglygyndan aňsatlyk bilen gaçyp bilerdi. Ol özüni polisiýanyň tanamaýan ýerine, başga şähere gidip hem bilerdi. Ol ýygnanyşykdaky ýaşululyk işinden el çekip, birneme pesräk basgançakda işläp hem bilerdi. Hatda ol ýurduny terk edip hem gidip bilerdi, sebäbi Hytaý häkimiýeti munuň ýaly «kynçylyk döredýän» watandaşyndan dynsa kaýyldy.
Emma Li öz işini dowam etdirýär. Häkimiýetler mesihileri üýşürmegi oňa gadagan etdiler, sebäbi şeýtmeklik ony saklar öýtdüler. Olar ullakan bir ýygnagy ýapdylar, ýöne onuň ýerine kyrk sany kiçijik ýygnanyşyklar peýda boldy. Li şol kiçijik ýygnanyşyklara tiz-tizden baryp, mesihileri ruhlandyrýar we imanda ösmeklige çagyrýar. Onuň çagyryşy örän ýönekeýdi: «Meniň edýän zatlarymy ediň. Mesihe gulluk edendigiňiz üçin özüňize näme boljakdygyna garamazdan, Oňa gulluk ediň. Eger sizi tussag etseler, türmede Öz söýgüsi barada gürrüň bermäge beren adamlary üçin Hudaýy şöhratlaň».
Eger biz has çydamly bolmagy isleýän bolsak, onda her gezek kynçylyklara duş gelenimizde, ýaşaýan ýerimizi we işimizi üýtgetmeli däldiris. Amerikada we beýleki azat ýurtlarda ýaşaýan ýeriňi çalyşmaklyk haýsydyr bir meseläni çözenden we hereketimizi şu wagta çenli edişimiz ýaly edip dowam etdirenimizden aňsat. Ýöne käwagt Hudaý, munuň näderejede aňsatdygyna ýa-da ýakymlydygyna garamazdan, biziň öz ýerimizde galyp, Özüne gulluk etmegimizi isleýär.
Çydamly bolmaklygyň hiç hili bähbidi ýokdur. Munuň üçin öwmeýärler we sylaglamaýarlar. Olimpiýa oýunlarynyň 100 metr aralyga ylgaýan çempionlary marafonyň ýeňijilerinden meşhurrak bolýarlar. Ilkinjileri «dünýädäki iň çalasynlar» diýip atlandyrýarlar, ikinjileri bolsa sport gazetleriniň sahypalarynda gaty az ýatlaýarlar.
Daşymyzdaky adamlar köplenç öz niýetimizden el çekip, bir ýere gitmekligi ýa-da içinde bolan ýagdaýlarymyzy üýtgetmekligi maslahat berýärler: aslynda siziň Mesih baradaky şaýatlygyňyzyň zerur bolan howpsuz däl ýerden gitmeklik; öz islän zadyňyzyň hemmesini berip bilmeýän nikadan boýun towlamaklyk; siziň sözleriňize derrew garşylyk görkezýän adama Mesih hakda gürrüň bermegi bes etmeklik; ýygnanyşyga gitme çakylygyňyzdan ýüz öwren dostuňyza ýygnanyşygyňyz hakda gürrüň bermezlik. Adamlar: «Yza çekiliň» diýýär. Hudaý: «Dowam etdiriň» diýýär.
Çydamlylyk adamyň bir günüň, hatda bir ýylyň içindede özleşdirip biljek häsiýeti däldir. Siz bir gün irden ýeriňizden turup, şol günden başlap, tutanýerli we erjel adam bolma kararyna gelip bilmersiňiz. Ýok, çydamlylyk — bütin ömrüň dowamynda öwredilýän diýenedijilikde gezmäniň netijesidir.
Özüňizde çydamlylygy terbiýelemek üçin mesihi durmuşyňyzyň soňky birnäçe ýylynyň içinde siz näme etdiňiz? Nähili pikir edýärsiňiz, Hudaýyň şöhratlanmagynyň hatyrasyna öýde, işde ýa-da jemgyýetde siz näme etmegi «dowam etdirmeli?»
Bize çydamly bolmagy öwredýän Pawlus: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» (2 Timoteos 3:12) diýip, örän düşnükli aýdypdyr. Pawlus bu sözleri türmede jeza çekmäge garaşyp otyrka ýazypdyr. Ýerdäki ýaşaýşynyň ahyrlap barýandygyny bileni üçin ol paýhasly maslahat beripdir. Garra barýan resul ýüregini ýaş şägirdi Timoteosa açanda, iman marafonyny ylgap geçmek isleýän mesihileriň durmuşynda görmeli boljak zatlaryny owadan görnüşde edip görkezmek islemedi. Bütin dünýäde belli bolan Boston marafonynda ylgaýan sportsmenler ylgalýan aralykda özlerine nämäniň garaşýandygyny bilýärler. Ýigrimi alty millik ylgaw ýolunyň pellehanasyna golaýlanda, meşhur gaýgyly «on dokuzyjny mil» bilen gabatlaşmaly bolýarlar. Ylgamaly aralygyň şu bölegi aýratyn hem ýakymsyz bolýar, sebäbi onda ylgawçylar iň kert bolan gaýadan geçmeli bolýarlar. Ylgamaly aralyk beletlere aňsat bolýar, olar özlerine nämäniň garaşýanyny bilýärler. Olar güýçlerini şoňa görä sarp edip bilýär. Eger özümize-de «on dokuzynjy miliň» garaşýanyny bilsek, ondan geçmek üçin bizem taýýarlanyp we has çydamlyrak bolup bileris.
Haçanda Pawlus öz göreldesi bilen Timoteosa öwredip başlanda, alamatlandyryp aýtsak, entek hatda, ýaş Timoteos ylganda geýýän köwşüniň ýüplerini-de daňyp başlamandy. Pawlus özüniň ýigrenilen adam bolmagynyň mümkindigini Timoteosa duýdurýar. Şeýle-de, Pawlus ony Hudaýyň kömegine garaşmaga çagyrýar.
2 Timoteos 3:10-14
Timoteosy Hudaýyň işini ýerine ýetirmäge ruhlandyrmak üçin diňe öz taglymatynyň we durmuşy barada beren gürrüňiniň azlyk edýändigini Pawlus bilýärdi. Çydamlyk hem batyrlyk ýaly, adam döredijiliginiň miwesi däldir. Yzarlanma arkaly salynan synagyň hötdesinden üstünlikli gelmek üçin, başga adama öýkünmäge çyn ýürekden jan edilmesi-de, maksadyňa ýetjek bolup, özüňi bütinleý bagyş etme-de ýeterli däldir. Şonuň üçin Pawlus şu sözler bilen sözüni dowam etdirýär:
2 Timoteos 3:15-17
Ynam gahrymanlary baradaky gürrüňler nähili göçgünli we ruhlandyryjy bolsa-da, beýleki adamlaryň göreldesi gelýän synaga döz gelmäge hökman kömek edip biler diýip bolmaz. Biz muny öňki baplarda öwrenip geçdik. Hiç zat Hudaýyň Sözüniň ýerini tutup bilmez. Elbetde, tälimçi baş roly oýnaýar, ýöne maşklary nädip ýerine ýetirmelidigini düşündirýän kadalary öwrenmeklik ondan hem zerurdyr. Yzarlanmalara we tussag edilmelere sezewar edilen aýallar we erkekler hakdaky ýazylanlary ýene bir gezek okap çykyň. Olaryň Mukaddes Kitaba näderejede güýçli ynanandyklaryny görersiňiz. Olaryň ruhy çydamlylygy Hudaýyň Özüniň ruhlandyran sözleriniň täsiri astynda dünýa indi.
Çydamly bolup, ylgamaly aralygy ylgap geçmek we pellehana üstünlikli ýetmek üçin näme gerek? Hemme zadyň türgenleşikden, kiçi synaglardan geçip hem Hudaýyň Sözünden goşmaça iýmitlenip, uly synaglara edilýän taýýarlykdan başlanýandygyny biz siziň bilen gördük. Özümizden öňde ylgap geçenleriň göreldesine eýerenimizde, öýkünere nusga we mugallym tapanymyzda ylgaw döwri dowam edýär. Pellehana çyzygyna, öz maksadymyza, Hudaýyň sylagyna nazarymyzy dikenimizde, ýolumyzy dabaraly soňlaýarys.
• Çydamlylygy terbiýelemek wajypdyr. Hudaýyň öz öňümizde goýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmek bilen biz berk durmaklygy öwrenýäris. Pawlusyň rimlilere ýazyşy ýaly, biri beýlekisine öwüt-nesihat berýär. Öz durmuşyňa göz aýla. Kyn ýagdaýlarda, içinden geçmeli bolan synaglaryňyzda durnukly bolma ukybyňyzyň nähili ýagdaýdadygyny gündeligiňize belläň.
• Başyňyza düşen, şonda sizden çydamlylyk talap edilen iki ýa-da üç kyn ýagdaýyňyzy belläň. Şu kynçylyklaryň hötdesinden gelşiňiz barada hasabat sorajak adam hakda oýlanyň. Şol adam siziň şahsy ruhy tälimçiňiz diýip göz öňüne getiriň.
• Eger birden türmä düşäýseňiz, siz ýatdan haýsy aýdymy aýdardyňyz? Siziň nagmalar we aýdymlar toplumyňyz giňmi? Ruhy aýdymlary we nagmalary ýatdan öwrenmek üçin kompakt-diskleri ýa-da şeýle aýdymlar ýazylan kassetalary satyn almak bolar. Şonuň ýaly aýdymlary maşynyňyzda, öýüňizde diňläberiň. Goşgularyň saza goşulanynda ýatda gowy galýandygy gaty geň galdyryjy zatdyr.
• Siz nähili pikir edýärsiňiz, siziň üçin haýsy ýagdaý «ondokuzynjy mil» bolarka? Saglyk ýagdaýyňyzmy, maddy kynçylyklaryňyzmy, maşgala gatnaşyklarymy ýa-da başga bir zatmy? Şonuň ýaly pursata taýýarlanmak we pellehana üstünlikli ýetmek üçin siz häzir näme edip bilersiňiz?
• Siz häzir haýsydyr bir çynlakaý meseläni (mysal üçin, ýanýoldaşyňyz ýa-da ýetginjeklik ýaşyndaky çagalaryňyz bilen düşünişme gazanmak isleýänsiňiz, ýa-da işde siziň öňüňizde ruhy saýlaw etme meselesi durandyr) çözýänsiňiz. Bu, elbetde, imanyň üçin yzarlanylma kynçylygy bilen baglanyşykly däldir, emma şu hem siziň berkligiňizi synaýar. Kynçylygyňyzyň hötdesinden ýekelikde gelmäge synanyşaýmaň. Eger şu meseläňiziň çözülmegi üçin bile doga eder ýaly adam bolmasa, onda öz otagyňyza girip, üstüňizden ýapyp oturmaň. Kim-de bolsa birinden kömek soraň. Siz kömek sorap kime ýüzlenerdiňiz?
6 bap
Gulak asmaklyk
Eger bir aýal Hudaýyň islegini durşuna we dolulygyna berjaý etme kararyna gelmedik bolsa, «Azap çekenleriň sesi» guramasy hiç haçan hem döremezdi. Imany sebäpli yzarlanylan mesihileriň sesi bolmak üçin Hudaýyň saýlan adamy hiç haçan hem agzyny açman ýöräp bilerdi. Riçard Wurmbrand özüniň ses bolandygy üçin öz aýalyna minnetdar bolmaly hasaplaýar.
Lýuteran ýygnanyşygynyň bu ruhy çopany 1944-nji ýylda aýaly Sabina bilen Rumyniýa konfessiýa Gurultaýyna gelýär. Bu gurultaýa her dürli ugurlardan bolan ruhy çopanlaryň, ruhanylaryň we gullukçylaryň dört müňüsi gatnaşýar. Iosif Stalin bu gurultaýyň hormatly başlyklygyna saýlanylýar. Ol ýerde delegat yzyna delegat münbere çykyp, aslynda mesihilik bilen kommunizmiň şol bir aňyýeti goldaýandygyny aýtdy. Bu gurultaýda umumy pikir iki tarapyň hem ýaşamagy barada boldy. Onuň şygary: «Biz biri-birimize daýanyp, öňe gidip bileris» diýen şygar boldy.
Sabina bu zatlary arkaýyn diňläp oturyp bilmedi. «Bu adamlar göni Isanyň ýüzüne tüýkürýärler. Bar, bu masgaraçylygy Onuň ýüzünden ýuwup aýyr» — diýip, ol adamsyna aýtdy.
Bu ýere ýygnananlaryň tersine gidip çykyş etse, yzynyň näme bilen gutarjakdygyny Riçard bilýärdi. Ol aýalynyň gulagyna pyşyrdap: «Eger men kommunistleriň garşysyna gidip çykyş etsem, sen adamyňdan mahrum bolýarsyň» — diýdi.
Sabina ruhy çopan bolan adamsynyň gözüne dikanlap seredip: «Meniň gorkak ärli bolasym gelenok» — diýdi.
Bu jogap Riçard Wurmbrandy gapyllyga saldy, ýöne bu jogap onuň mätäç bolan zadydy, ýagny Halasgäre boýun bolmalydygyny ýatlatma bolupdy. Riçard orta çykyp, gurultaýyň dört müň delegatyna-da ýüzlendi. Ol delegatlary Hoş Habary adamlara ýetirme tabşyrygyna gönüden-göni garşy çykmany aňladýan ylalaşygy ret etmäge çagyrdy. Riçardyň Hudaýa bu boýun bolmasy özüne gaty gymmat düşdi. Şol gün ruhy çopan Wurmbrand uly jebirlere we on dört ýyl türme tussaglygyna tarap ilkinji ädimini ätdi. Ýöne Sabina-da, Riçardam özlerinde başga saýlawyň bolmandygyny bilýärdiler. Düzgünleri hudaýsyz adamlar düzse, onda şol düzgünleri bozmagam bolar. Hakykaty gözenegiň aňyrsyna gizlejek bolanlarynda, ony azatlyga çykarmak üçin siz eliňizden gelenini etmelisiňiz.
Mukaddes Kitaby ýüz ugra okap çykanyňda-da,
Kanun taglymaty 11:13-15
Kanun taglymaty 13:4
1 Şamuwel 15:22
Zebur 103:17-18
Ýeremiýa 26:13
Ýowel 2:11
Luka 11:28
Ýahýa 14:15
Rimliler 2:13
Filipililer 2:12-13
1 Petrus 1:14-16
1 Ýahýa 2:3
Hudaýyň Öz çagalaryny gaty ses bilen gulak asmaga çagyrýandygy açyk görnüp durandyr. Ol biziň Öz emrine düşünmegimizi isleýär; eger düşünýän bolsak, onda Özüniň emrini berjaý etmegimizi isleýär. Bu örän ýönekeýdir. Ynam gahrymanlary Hudaý bilen gatnaşyga örän çynlakaý seredýärler hem-de Onuň özlerine buýran zatlaryny edýärler. Boýun bolmaklyk — bu sowgat däl-de, Hudaý tarapyndan berlen häsiýetdir. Bu biziň günde saýlaw etmeli zadymyzdyr. Boýun bolmaklyk hiç hili şerti kabul etmeýär («eger bu şeýle bolsa, onda men diýen ediji boljak»). Eger boýun bolma haýsydyr bir kynçylygyň peýda bolmagyna alyp barýan bolsa, onda ynam gahrymany şol kynçylygyň meselesini çözmäge kömek Etjegiň bardygyna ynanýar. Mesihi gahrymanlarynyň gerçek hem gaýduwsyz bolmagy hökman däl. Olar diňe Hudaýa ynanmalydyrlar hem-de hemme zatda Oňa gulak asyp we bil baglap, imany boýunça hereket etmelidir.
Hudaýa gulak asyp ýaşamaklyk biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda görünýär. Hudaý bize Öz islegini On tabşyrykda açyp görkezdi. Isa Hudaýyň kanunynyň esasy manysyny: «“Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý”. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. Ikinji hem şonuň ýaly: “Goňşyňy özüň ýaly söý”. Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr» (Matta 22:37-40) diýmek bilen belleýär.
Soň Isa göklere alynmazynyň öň ýanynda Öz şägirtlerine gönüden-göni şu tabşyrygy berdi: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn» (Matta 28:18-20).
Şonuň üçin, eger Hudaýa gulak asmagy ýüregimize düwen bolsak, onda hemişe özümize: «Meniň hereketlerim Hudaýa we ýakynyma bolan söýgimi aňladýarmy?» ýa-da ýene-de: «Mesih baradaky Hoş Habary başgalara ýetirmek üçin men näme edip bilerin?» diýen soragy bermeli.
Hemme ýurtlardaky ynam gahrymanlary hem şeýle ýaşaýarlar. Esasynda yzarlanylýan, aňtalýan, gynalýan we ynamy üçin öldürilýän adamlar şunuň ýaly hüjümlere, yzarlanýandygyna garamazdan, hemişe Hudaýa gulak asýandyklary sebäpli duçar bolýarlar.
Hudaýa gulak asmaklyk Riçard hem Sabina Wurmbrandlaryň marşynyň ritmi bolupdyr. Olar bütin ömrüne jemgyýetiň däl-de, Yokary Kazynyň öňünde jogap beripdirler. Günbatarly mesihiler Mukaddes Kitaby «ýapyk» ýurtlara gizlin ýol bilen getirmäge kömek etmegini ruhy çopan Wurmbranddan köp gezek haýyş etdiler. Ynam gahrymany hökmünde tapawutlanýan bu adam hemme zatda Hudaýa gulak asmaly diýen pikiriniň arkasyndan, Mukaddes Kitaby ýaýratmaklyk gadagan edilen ýurtlaryň kanunlaryny bozmakda hiç hili kynçylyklara duş gelmändir.
Ruhy çopan Wurmbrand üçin durmuşyň manysy adamlara Hudaýyň söýgüsini açyp görkezmekde jemlenendi. Hudaýyň söýgüsi — iň ýokary kanundyr. Şol söýginiň garşysyna göreş alyp barýan adamlar Hudaýa gulak asýanlary görkezip, olaryň nämeleri edip bilýändiklerini, nämeleri edip bilmeýändiklerini aýtmaga haklary ýokdur. Özüniň «Mesihiň öňküsi ýaly ejir çekýän ýerinde» diýen kitabynda Riçard şeýle ýazýar: «Eger adam janyny halas etmäge alyp barýan bolsa, onda adam ölçegleri boýunça nädogry görünýän zatlar söýgi akty bolup çykýandyr. Eger Hudaý beýik maksadyna ýetmegiň hatyrasyna Öz Ogluny beren bolsa, bizem adaty hereketiň ölçeglerinden çykmaklygy günä hasaplap duramyzok. Biz Mukaddes Kitaplary Hudaýyň beýleki ýurtlardaky perzentleriniň hem jennete düşüp bilmegi üçin, şol kitaplary okamaga teşne bolan adamlar üçin gizlin getirýäris. Käbirleri beýtmekligiň nädogrydygyny aýdýarlar. Biz bolsa adamlary Hudaýyň Sözüni okamakdan mahrum etmeklik nädogry diýip hasaplaýarys. Eger döwlet açlyk çekýän çagalara kömek etmegi gadagan etse, onda olara kömek etmekligi siz nädogry saýarmydyňyz? Eýsem ruhy iýmitiň zerurlygy ten üçin gerek bolan iýmitden azmydyr?»
Hakykat ýolundan ýöremek isleýän adamdan ruhy kanunlary ýerine ýetirmekligiň hatyrasyna Resullaryň işleri Kitabynyň 4-nji babyndaky Petrus bilen Ýahýadan talap edilişi ýaly, raýatlyk kanunlarynyň üstünden ätlemekligiň talap edilmegi mümkindir. Ýehudy ýaşululary Petrus bilen Ýahýany tussag edip, olara Isanyň taglymatyny wagyz etmekligi gadagan edenlerinde, ikisi-de wagyz etmegini bes etmediler. Ýahýa bilen Petrus ýerlerinden turup: «Hudaýdan zyýada size gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň. Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl» (Resullaryň işleri 4:19-20) diýdiler.
Resullaryň işleriniň indiki babynda adamlaryň Petrus bilen Ýahýanyň göreldesine eýerişini görýäris. Reb adaty adamlaryň durmuşyny özgertmek üçin Isanyň ruhy taýdan berkeşen şägirtleriniň toparyny ulanýar. Köplere şypa berilýär. Hudaýyň Sözi hemme ýerde wagyz edilýär. Bu bolsa haýran galdyryjy netijelere alyp barýar. Lukanyň görkezişi ýaly, resullaryň eden işleri Isanyň göge alynmazdan öň adamlaryň durmuşyny üýtgetmek üçin eden işleriniň dowamy boldy. «Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, tä göge alnan gününe çenli
Resullaryň abraýynyň ösýändigine jogap hökmünde baş ruhany Isanyň yzyna eýerijileri tussag etmegi buýruk berdi. Resullaryň Nasyraly Mugallym hakda gürrüň etmeli däl diýen buýrugy ýerine ýetirmändikleri üçin olar ezýet çekdiler (bu barada 4-nji bapda jikme-jik gürrüň berilýär). Emma edil şu ýerde iň gyzykly zat başlanýar. Hudaý zyndanyň gapysyny açyp, resullary tussaglykdan boşatmagy üçin perişdesini goýberýär. Mundan başga-da, perişde olara: «Baryň, ybadathanada durup, halka bu täze ýaşaýşyň bütin sözlerini wagyz ediň» diýen wajyp bir tabşyrygy hem berdi.
5-nji bapdaky wakalaryň gidişine seredenimizde, resullaryň wagyz etmelere köçelerde bolşy ýaly, ybadathanalarda hem gaýdyp gelşini görýäris. Bu ýehudy ýaşululary tarapyndan däl-de, Hudaýyň goýbereni tarapyndan buýrulypdy. Resullary ikinji gezek tussag edenlerinde, olary indi ýaşulular mejlisiniň öňüne çagyrypdylar. Indi olary zyndana salman, goýbermezlerinden öň gowy ýençýärdiler. Emma resullar mundan soň ýehudy kanunyna boýun bolupdylarmy? Hiç haçan! Luka şeýle ýazýar: «Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler; çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar. Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe ders bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmediň
Mesihiler Hudaýyň islegini nädip bilmelidigi hakda köp sorag berýärler. Bu, elbetde, diýseň wajypdyr, sebäbi biz Onuň islegi boýunça ýaşamak isleýäris. Emma Hudaýyň näme isleýändigini
Resullaryň işleriniň 5-nji babynda suratlandyrylan wakalara takmynan elli ýyl geçenden soň, Ýahýa Polikarp atly Mesihiň ýaş şägirdine duş geşýär. Bu ýaş ýigidiň kalbyna guýlan yhlasy duýan garry resul, oňa hemme zady öwretmeklik işine ýüregini durşuna bagyş edýär. Birneme soňrak Polikarp Smirnada ýygnagyň gözegçisi bolýar (häzir bu şäher Türkiýedäki Izmir şäheridir). Ýahýanyň Polikarpdaky gören yhlasy dolulygyna ulanylýar. Polikarpyň wagyz sözleri we hatlary Rim imperiýasynyň bar ýerine ýaýraýar.
Şol döwürlerdäki Mesih üçin ejir çekip ýaş ölen beýleki köp mesihilerden tapawutlylykda, Polikarpa tussaglykdan gaçmak başardýar. Ol segsen alty ýaşynda hem Halasgäriň işini goramagyny dowam etdirýär. Bir gezek ol daşky bir şähere gidip barýarka, birtopar ýaş ýigit ony tanap, bu barada rim esgerlerine habar berýärler. Polikarp günortanlyk naharyny edinip otyrka, esgerler onuň ýanyna gelýär. Ýepiskop esgerleri saçak başyna çagyrýar.
Bile naharlanandan soň, esgerler Polikarpyň özleri bilen gitmegini talap edýärler. Ol esgerelerden rehimdarlyk sorap, doga etmek üçin bir sagat haýyş edýär. Esgerler razy bolýarlar. Birneme wagt geçenden soň, şol esgerler Polikarpyň gaty ses bilen eden dogasynyň özleriniň Hudaýa we günäleriniň bagyşlanylmagyna mätäçdigine düşünmäge kömek edendigini aýdýarlar.
Ahyrsoňunda Polikarpy prokonsulyň ýanyna alyp gelýärler. Kesar tarapyndan bellenilen kazy ýygnagyň gözegçisiniň ýaşyna garaman, Polikarpy köpçüligiň öňünde ýakmaklyga höküm edýär. Polikarpyň ýakymly daşky görnüşiniň täsiri bilenmi ýa-da ýaşyna hormat goýupmy, prokonsul ölümiň deregine Mesihden ýüz öwürmekligi teklip edýär. Polikarpyň: «Men Oňa segsen sekiz ýyl gulluk etdim. Men nädip özümi halas eden Patyşamy kemsideýin?» diýip beren jogaby onuň Hudaýa gulak asýandygynyň diri şaýady bolýar.
Esgerler Polikarpy uly bir sütüne daňýarlar-da, aýaklarynyň aşagyna odun örüp goýýarlar. Ot ýakylan badyna, ýalyn batyr ýygnak gözegçisini gurşap alýar. Emma bir gudrat bilen onuň bedenindäki ýekeje tüýi-de ýanmaýar. Öz meýilnamasyny üýtgetmek islemedik proconsul bir esgere Polikarpy gylyç bilen öldürmegi buýruk berýär. Onuň bedeninden dazlap çykan gan ýygnak gözegçisiniň janyny alýar, ýöne gudrat bilen ody öçürýär. Bu zatlaryň hemmesi hakda rowaýatda gürrüň berilýär.
Isanyň bu şägirdi hem tutanýerli resullaryň görkezen wepadarlygyny we diýen edijiligini görkezýär. Polikarp özüne çykarylan hökümiň öz durmuşynyň taryhyna soňky sözi aýdyp girizjegini bilende: «Rebbim, bu gün şu sagatda maňa beýleki ejir çekenleriň arasyna kabul etme sylagyny berendigiň, ruhumyň ölümden direlmegi üçin meniň Mesihiň käsesinden içip bilýändigim üçin Saňa öwgi aýdýaryn» diýip doga edýär.
Polikarpyň taryhy diýseň gynandyryjy taryhdyr, ýöne fiziki güýç ulanma, gan dökmeklik we gynamaklyk edil öňküsi ýaly bolup durýar. Her kontinentde-de, özlerinden dymmaklygy talap edýän diktatura däl-de, Hudaýa gulak asjak we (Oňa açyk sežde edip we Hoş Habaryny wagyz edip) Ony söhratlandyrjak mesihiler bardyr. Gynansakda, şol wakalar köplenç aýdylman we okalman galýar. Şol adamlar barada öz ýaşaýan jemgyýetinde hemme zat belli bolanda, olar köplenç ret edilýär, hatda näletlenilýärem. Şeýle-de bolsa, olarda adamlara däl-de, Hudaýyň islegine gulak asma we Rebbe boýun bolma islegleri bar. Olaryň bu islegi ýeňip bolmajak islegdir.
Bu merdana aýallar we erkekler XVII asyrda mesihiligiň tarapdary bolan fransuz Fransua Fenelonyň «ýönekeýje gulak asmadan başga hiç bir ýerde rahatlyk we asudalyk tapmagyň mümkin däldigine» (
Bu ynam gahrymanlary bütinleý Hudaýa boýun bolup ýöremek üçin döwletiň hudaýsyz kanunlaryny nädip bozmalydygyny bize öwretmekden-de köp zat edip bilerler. Olar bize teniň synaglaryna garşy durmagy öwredip bilerler. Hut özüňi ret etme haçyny götermäge taýýar bolmaklygyň özi-de, käbirleriniň başgalaryň ylalaşýan zatlaryndan el çekip, olaryň gorkýan zatlaryny etmäge näme üçin het edip bilýändigini düşündirýär.
Çyn ýürekden boýun bolmaklyk hereketi köpçüligiň öňünde bolýan zat däl-de, ol gazaply synaglarda ýüregiň jümmüşinde döreýän zatdyr. Isa ýerdäki ýaşaýşynyň iň ýokary derejesine ýakynlaşanynda, Özüniň çekmegine niýetlenen haç Ony güýçli gorkuzdy. Halasgär zeýtun agajynyň töňňesiniň öňünde dyzlaryny epip, Öz gorkusyny çyn ýürekden boýun aldy. Ol rim haçyna çüýlemesi arkaly berilýän elhenç gynalyşyň içinden geçmek islemedi.
Isa Özüne öňden taýýarlanan ykbaldan daş bolmak isledi. Aslynda Haçyň näme aňladýandygyny Ol bilýärdi. Haç ezýetli ölümden başga-da, Atadan aýra düşmäni aňladýan «melgun bilen tans etmäni» hem öz içine alýardy. Bu bolsa Isa üçin ejirlerden-de, fiziki ölümden-de has beter zatdy. Şonuň üçin Hudaýyň Ogly bütin adamzadyň günäsini Öz üstüne almak bilen çekmeli bolan elhenç ejirlerden ýaňa yraň atdy. Biz şol hasratlaryň näderejede ejirli boljakdygyny hatda bölekleýin hem göz öňüne getirip bilmeýäris. Emma Isa olary göz öňüne getirip bilýärdi. Şonuň üçin Onuň Hoş Habarlarda ýazylan dogasynda: «Eý atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir…» (Matta 26:39) diýen sözleri eşidýäris.
Biz bu sözlerde Isanyň bütin adamlyk tebigatyny duýýarys. Şeýle-de bolsa, Ol yalalaşyga gitmeýär. Ol uludan demini alyp: «…ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» (Matta 26:39) diýip doga etdi. Şu zatlardan on alty ýüz ýyllyk geçenden soň, Fenelonyň başyna nä günüň düşendigine Isanyň düşünendigi göze dürtülip dur. Fenelon şeýle ýazýar: «Biz Hudaýyň özümize beren haçynyň üstüne ýene-de güýçli garşylygymyzy we ejir çekmegi islemezligimizi goşup bileris. Bu biziň kalbymyzda galan özümizi söýmekligiň bardygyna şaýatlyk edýär… Onuň bilen göreşmeklik haçyň özüni göterenden has kynrakdyr! Emma, eger siz Hudaýyň ýolbaşçylygyny boýun alyp, Onuň islegine garşy çykmasaňyz, onda ejirleriň içinde-de rahatlyk taparsyňyz».
Ine, gürrüň nämede ekeni! Bu biziň şu kitapda okan köp ynam gahrymanlarymyzyň hereketini düşündirýär. Edil Isa bilen Fenelon ýaly, olar Hudaýyň öňden taýýarlan maksadyna garşy gidip, öz erkiňe hereket etmäge synanyşmagyň we kynçylyklary ret etmäniň biderekdigini bildiler. «Öz haçymyzy alyp», özümizdäki «menden» el çekenimizden soň, iş jemgyýetiň ýalany ýa-da Isanyň ýüzüne tüýkürmäni aňladýan medeniýetli «öte geçmä» baryp ýeten ýagdaýynda, biz batyrlyk görkezmezlik bahanamyzdan mahrum bolýarys. Egnimize haçymyzy ýüklänimizde bolsa biz Mukaddes Ruhuň ýükümizi ýeňledip, sabyrlylyk berýän merhemetini alýarys.
Ýewreýlere hatyň ýazary Isa: «…gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi» (Ýewreýler 5:8), ýagny jepalardan geçeni üçin gulak asmagy öwrendi diýip çak edende, Hudaýyň Ogly ýere gelende, Oňa käbir Hudaýdan gelýän bilimleriň ýetmezçilik edendigi ýa-da etmändigi hakda jedel gozgamakçy bolmady. Isa Mesihe öwrenmegiň gerek bolmandygynyň ujy iki däldir. Atasynyň ýekeje Ogly hökmünde, Onuň bilimi doludy we kämildi. Ýöne tejribede synagdan geçýänçä, bilim howaýylygyna galýandyr. Diýen edijiligi görkezmäge diňe adamyň ukyplydygy üçin Hudaýyň Ogly Öz bilimini diňe adamyň keşbinde ýere gelmek bilen barlap bilerdi.
Ýewreýlere hatyň ýazary hakykatdan hem ejirleriň kämil Okuwçydan synag alan «mugallymy» bolandygyny aýtmak isleýär. Haça çüýlenilme Isanyň ýüreginde Golgotadan has öň bolupdy. Ol Ýahuda çölünde şeýtan tarapyndan synalanda-da, Getsemani bagynda doga edende-de jepa çekdi. Ýazgyda Onuň bagdaky çeken jebriniň şeýle bir güýçli bolandygy, şonda jebir zerarly deriniň gan damjalary ýaly bolup damandygy aýdylýar (Luka 22:44). Bu ruhy hasratlar hem diýen edijilik Hudaýyň maksadyny doly kabul etmeklige alyp bardy we hakyky haçda fiziki ejir çekmelere getirdi.
Diýen edijilik hiç haçan hem adam erkiniň işi bolmandy. Ol 1-nji bapda gürrüňini eden zadymyz, ýagny gelejege gönükdirilen nazar bilen baglanyşyklydyr hem-de Hudaýyň merhemetine bolan ynama we ýerdäki ýolumyzyň soňky nokadyna düşünmegimize esaslanýar. Ýewreýlere hatyň 12-nji babynyň 2-nji aýadynda näme diýilýändigi ýadyňyzdamy? Hut göklerdäki garaşýan şatlygyň özi hem Isa Mesihi gysga pursatlaýyn bolýan şübhäni taşlap, Atasynyň erkine boýun bolmaklyga iterdi. Isa şol şatlyk barada bilýärdi. Ol ýokarky şatlygy bilmekligiň diňe ýagşylyga bolan maksadyň bir bölegidigini bilýärdi.
XIX asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen Hanna Uital Smit gorka bolan ejizlikden ejir çekmeýärdi. Döwük bölekleri, has takygy öz «haçynyň» tikenleri onuň eginlerine batyp durupdyr. Ol diýen edijiligiň: «Rehimdar Hudaýyň erki “merhemetsiz” bolup bilmez. Aslynda Onuň erki kämildir. Biz şuňa düşünenimizde, şol erkiň “kabul ederliklidigini” görýäris. Başga sözler bilen aýtsak, ol bize ýarap başlaýar. Hudaýyň erkine boýun bolma zerurlygy bilen baglanyşykly bolan şübhelerimiziň şol erki aýdyň görenimizde ýitip gitjekdigine ynanýaryn. Biz merhemetlidigine ynanmaýan erkimize (ýagny Hudaýyň erkine) boýun boljak bolup göreşýäris we söweşýäris. Emma onuň hakykatdan hem gowy erkdigine göz ýetirenimizde bolsa, oňa şatlyk bilen boýun bolýarys. Biz şol erkiň amala aşmagyny isleýäris. Şondan soň biziň ýüreklerimiz onuň bilen duşuşjak bolup atygsap durýar» (
Ine, biz näme üçin Hudaýa köp ýagdaýlarda boýun bolmak islemeýäris! Ähtimal, biz Onuň merhemetlidigine we ýolunyň iň gowy ýoldugyna ynanýan däldiris. Bu meseläni çözmegiň ýeke-täk usuly — bu ýene bir gezek seretmekdir. Ýöne bu gezek Hudaýyň geçmişde eden zadyna ünslüräk seretmelidiris. Öz halky üçin Hudaýyň nämeleri edendigi barada Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini ýene bir gezek okap çykyň. Öz yzyna eýerenleri bagtly durmuşa ýetirmek üçin beren wadalarynyň sanyny sanaň. Soň siziň üçin Özüniň gökdäki şöhratyny meýletin taşlap, Öz ýaradan dünýäsiniň ujypsyzja bir bölegi bolan, synaglara duş bolan ýönekeý adam ýaly ýaşan, akla sygmajak agyrylary we jebirleri çeken Hudaýyň Oglunyň gözlerine serediň. Şonda siz Hudaýyň merhemetlidigini, Oňa bil baglap boljakdygyny görersiňiz.
Belki, başga hiç bir adam gizlin ýygnanyşygy hereket etmäge ruhlandyrmak üçin öz galamyny Ditrih Bonhýofferden köp ulanan däldir. Onuň Hudaýa boýun bolmaga we jemgyýetçilik hereketlerine boýun bolmazlyga eden çagyryşlary ony görelde alaýmaly adam hökmünde öňe çykaryp goýýar.
Ditrih Bonhýoffer hem edil Wurmbrand ýaly, lýuteran ýygnanyşygynyň ruhy çopany bolupdyr. Hudaý bu ýygnanyşygy Ikinji jahan urşy döwründe diýseň haýran galdyryjy ýol bilen ulanypdyr. Bu zehinli adamyň ady köplenç özüniň 40-njy ýyllarda ýazan «Şägirtçiligiň bahasy» atly kitaby bilen utgaşdyrylýar. Bu taryh bilen tanyş bolan adamlar Ditrihiň şol bahany şahsy tejribesinde görendigine hem ony tölemäge taýýar bolandygyna şaýatlyk edýärler.
Ditrih bary-ýogy on dört ýaşyndaka, özüniň gullukçy bolma islegini yglan edýär. Onuň baý we görnükli kakasy munuň üçin ony masgara edýär. Uly Bonheýoffer ýygnak mesihiligiň maksatlaryna dönüklik edýär diýip hasaplaýardy. Ýaş Ditrih ýygnanyşykda ýygnagy aýaga galdyrmaga kömek etjek ses bolmak isleýändigni aýdýar. Ol ýigrimi bir ýaşyna ýetende özüniň «Mukaddesleriň gatnaşygy» atly dissertasiýasyny gutardy. Onuň bu işi diňe bir özüniň okan uniwersitetinde däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem gyzgyn goldaw tapdy. Şeýdip, Ditrih kakasyna aýaga galdyrmagy wada beren dikeldiş ýoluna aýak basdy.
1933-nji ýylda Germaniýanyň döwlet başyna Adolf Gitler geldi. Gitler ýewreý milletinden bolan adama ýygnanyşykda resmi wezipäni eýelemegi gadagan eden Lýuteran ýygnagyna düzedişleri girizmelidigine ynandyrdy. Edil Riçard Wurmbrand ýaly, Bonhýoffer hem şol düzedişe garşy bolan ýeke-täk adam boldy. Bonhýoffer ýygnagyň eden günälerini düzetmek üçin elinden gelen hemme zatlary etjekdigine kasam etdi. Ol hem edil ruhy çopan Wurmbrand ýaly, täze ýygnanyşygyň tohumyny ekdi. Ol tohumlar gizlin gögermelidi.
XX asyryň bu Martin Lýuteri özüniň wagyz sözlerinde, hatlarynda we makalalarynda öz gorkak kärdeşleriniň gelen naýynsap ylalaşygyny näletledi. Ol german faşistik partiýasynyň agzalaryna batyrlyk bilen garşy durdy we Gitleriň syýasatynyň hem onuň täze jynsy döretmege edýän synanyşygynyň pidasy bolanlary goramak üçin sesini gataltmaga synanyşdy.
1943-nji ýylda «goşuna garşy zyýan beriji iş edeni» üçin tussag edilendigi sebäpli, Bonhýofferiň reformalary togtadylýar. Ýöne ol şonda-da ýygnakdaky we jemgyýetdäki günä garşy çykyş etmesini bes etmeýär. Indi Ditrih gözenegiň aňyrsynda bolsa-da, bu onuň galamynyň hereketsiz ýatandygyny aňlatmaýardy. Onda galan zadyň bary — bu onuň janydy. Emma ol ony-da ýitirmäge gorkmaýardy. Şonuň üçin ol garşy durmaly wagty dymýandyklary sebäpli mesihileri ýazgarmagyny dowam etdirýärdi.
Bonhýofferiň tusag edilenine iki ýyl geçenden soň, ony Flossenburgdaky konsentrasion lagere geçirýärler. Şol ýerde hem ony 1945-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 9-ynda asyp öldürýärler. Bu wakadan bary-ýogy iki hepde geçenden soň, birleşmeleriň goşunlary Hudaýa wepaly bolan ruhy çopanyň iň soňky demini alan ýerindäki konsentrasion lageriniň tussaglaryny azat etdi. Kimdir biriniň göwnüne, azat edilişe çenli bary-ýogy birnäçe gün ýaşamaga ýol bermän, ykbalyň Ditrih bilen erbet oýun eden ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne onuň ejirli ölümi örän köp mesihileri has-da uly işleri etmeklige ruhlandyrdy. Eger Bonhýoffer diri galan bolsa-da, belki şonça beýik işler edilmezdi.
Bonhýofferiň ömrüniň soňky minutlarynyň şaýady bolan lukman birneme wagt geçenden soň, nebsiňi agyrdyjy zatlary ýazypdyr. Ruhy çopan kiçi göwünlilik bilen dyza çöküp, asylýan ýere äkidilmezden öň doga edipdir. Ady näbelli bolan bu lukman «hiç haçan munuň ýaly Hudaýa berlen adamy görmändigini» aýdypdyr. Haçyny gerdenine alaga-da, öz Halasgäriniň yzyna düşmegi ýüregine düwüp, Hudaýa boýun bolma ýoluny saýlan adam Hudaýyň merhemetdigini, Onuň ýollaryndan ýöremegiň ýaşamak üçin ýeke-täk usuldygyny bilýär.
• Siz Hudaýyň merhemetine şaýatlyk edýän haýsy şaýatlyklary (munuň Mukaddes Kitapdan alnan mysal bolmagy-da, başga adamlaryň şaýatlyklary bolmagy-da mümkin) bilýärsiňiz? Siziň özüňiz Hudaýyň çäksiz rehimine we merhemetine şaýatlyk edip bilermisiňiz?
• Sabina Wurmbrand (bu iş hatda adamsy üçin türmäni aňlatsa-da) öz adamsyny Hudaýa boýun bolmaga we öz haçyny almaklyga ruhlandyrdy. Kim siziň haçyňyzyň bir burçda tozan basyp ýatanyny görüp, ony almaklyga sizi ruhlandyrma hukugyna mynasyp boldy? Şonuň ýaly adamdan ýa-da adamlardan özüňiziň daşky «diýen edijilik derejäňize» baha bermegini haýyş ediň.
• Eger gürrüň içki «diýen edijilik derejäňiz» barada bolsa, onda oňa hiç kim hem özüňizden gowy baha berip bilmez. Siz nähili pikir edýärsiňiz, edil häzir Hudaý sizden näme isleýär? Belki, Ol size erbet endikleriňizden el çekmelidigiňizi, adalatsyz günäkärlenýän adamyň tarapyny çalmak üçin aýaga galmalygyňyzy, Hoş Habar barada goňşyňyza gürrüň bermelidigiňizi ýa-da öz ýanýoldaşyňyza wagtyňyzy sapr etmelidigiňizi aýdýandyr. Onuň islegini ýerine ýetirmek üçin siz näme etmekçi?
• Hudaýa gulak asmadyk wagtyňyz özüňizi aklajak bolup nähili bahanalary tapýarsyňyz? Hudaýyň islegini ýerine ýetirme islegiňizde yranmaz bolmagy öwrenmek üçin şol bahanalary ýazyň-da, ýazgyňyzdaky bellikleri eliňiziň aşagynda goýuň.
• Eger siz Polikarpyň ýaşyna ýetseňiz, onda her bir agtygyňyz üçin uzyn hat ýazyň. Şol hatda özüňiziň nädip Isa Mesihiň wepaly şägirdi bolandygyňyzy beýan ediň. Synaglaryň garşysyna nädip göreşmelidigini olara maslahat beriň. Olaryň nähili durmuşda ýaşamagyny isleýändigiňizi özlerine aýdyň.
7 bap
Özüňe erk etmeklik
Bu waka yzarlanylýan Ýygnagyň nämedigini Amerikanyň öz durmuşynda gören günleriniň birinde bolupdy. Onuň sahnasy şeýledi. Eger «Hudaýa ynanýarsyňmy?» diýen soraga «hawa» diýen jogap bolsa, onda sorag berip duran adam sapançanyň gulagyny çekýärdi welin, şol wagtyň özünde nobatdaky bir ýetginjek ölýär. Dünýäniň aklyndan azaşan ýaly bolan Gurbansoltan aýynyň şol gününde, bir ruhy çopan özüni gurşap alan duýgyny beýan etmäge synanyşyp, gündeligine aşakdaky setirleri ýazypdyr:
Bu waka 1999-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 20-sinde bolupdy. Kolorada ştatynyň Littlton şäherindäki «Kolumbina» mekdebinde on iki okuwçy bilen hemmeleriň gowy gören bir mugallymy atyldy. Olaryň arasynda hiç bolmanda üçüsi ýokardan doglandy. Özleriniň Mesihe bolan ynamyny çyn ýürekden boýun almasy olary ýetginjek terroristler Erik Harris bilen Dilan Kleboldanyň nyşanasy etdi.
CNN telekompaniýa bu täzeligi habar bermek üçin gidip duran gepleşigiň arasyny bölende, millionlarça amerikalylaryň eşiden zady sebäpli depe saçlary üýşdi. Ene-atalary gorky gurşap aldy, sebäbi çagany öýüň ýakynyndaky mekdebe goýbermeklik onuň howpsuzlygyna kepil geçmeýärdi. Olar gorky içinde bu meseläni çözmegiň tärini gözlediler. Olar bu wakanyň näme üçin bolandygyny çagalaryna düşündirmelidi.
On ýedi ýaşly gyz Reýçel Skott şol ýaşgüni güni «Kolumbina» mekdebine 7.20-de, edil sapaklaryň başlanmagynyň öň ýanynda geldi. Ol adatdakysyndan köpräk ýadapdy, sebäbi başgüni birneme agyrrak düşüpdi. Ol okuwdan soň ýerli kafede işledi. Soň hem ýygnanyşygyň ýaşlar toparyna gitdi. Şonda Reýçel bu gün hem adaty günleriň biri bolar diýip pikir edýärdi.
Bu gelşiklije gyz üçin mekdep diňe bir okuw ýeri däldi. Bu ýerde ol dostlaryna we deň-duşlaryna öz ynamy barada gürrüň bermäge çalyşýardy. Reýçel entek gaty ýaşdy, ýöne şonda-da özüniň Mesih bilen gatnaşyklaryna örän çynlakaý seredýärdi. Ol gündeligine sözde däl-de, iş ýüzünde Rebbe gulluk etmek isleýändigi barada köp ýazýardy.
Mesih hakda gürrüň bermek islän adamlarynyň özünden ýüz öwrendiklerine Reýçel gynanýardy: «Men mekdepdäki dostlarymyň hemmesini ýitirdim. Indi olara öz ynamym barada gürrüň berip başlasam, üstümden gülýärler… Men Mesih hakda gürrüň berendigim üçin olaryň öňünde ötünç soramakçy däl… Men ýolumdan öwrülmerin. Eger özümiň iň gowy dostum Isany saýlanym üçin dostlarymyň duşman bolandygyny görmeli bolsam, onda, goý, şeýle bolsun. Mesihi bolmaklygyň şol bir sanda duşmanly bolmaklygy hem aňladýandygyny men bilýärin we hemişe-de bilýärdim. Ýöne şol duşmanlar öz “dostlarym” bolar diýip hiç haçan hem pikir etmeýärdim». (
Reýçel synpdaşlarynyň ýüreginiň gapysyna kakmaga synanyşdy. Olar bolsa onuň Mesihe wepalylygyna düşünmediler. «Raçhel’s Tears» atly kitapda gyzyň ene-atasy Darrel bilen Bet: «Reýçel Hudaýy söýýärdi. Ol bu söýgüsi hakda tanaýan adamlarynyň hemmesine yhlasly gürrüň bermek isleýärdi. Ol hiç kimiň “kellesine Mukaddes Kitap bilen urmaýardy” we ynanmaga hiç kimi mejbur etmeýärdi. Munuň deregine ol ýüreginde şöhle saçyp ýanýan Hudaýyň nuruny adamlaryň görmegi üçin doga edip, öz ynamy hakda ýaşaýşy bilen gürrüň berýärdi» diýip gürrüň berýär. Reýçel ölüminden göni bir ýyl ozal hiç zada garamazdan, nirede bolsa-da, nähili ýagdaýa düşse-de, Hudaýa wepaly bolmaga taýýardygy hakda öz gündeligine: «Men Hudaýyň özüme beren nuruny gizlejek bolamok. Eger men hemme zady pida etmeli bolsam, onda şeýle-de ederin» (97 sah.) diýýär.
Ejirli ölüminden bir aý öň hem Reýçel soňuna çenli gitme kararyna gelendigi barada ýene-de ýazýar. Ol gündeliginde «gowy işleri etmek arkaly utgaşykly reaksiýany başlap biljekdigine» ynanmaga het edýändigini ýazypdyr (169 sah.).
Terrorçylaryň sapançasynyň niline garap durşuna-da, Reýçel yza çekilmedi. Ol Rebden ýüz öwürme mümkinçiliginden ýüz öwürdi. Dünýäde ýalynly ynamyň utgaşykly reaksiýasy başlanar ýaly, nämäniň talap edilýändigini Reýçel bilýärdi. Şonuň üçin hem gorka boýun bolmady.
Özüne erk edip bilýän adam, özüniň arzuw edýän maksadyna ýetmek üçin pida bolmaga-da gidip biler. Sportsmen ýaryşda gowy çykyş etjek bolup, özüni aýaman türgenleşýär. Esger söweşe taýýarlanjak bolup, okuwyň ähli külpetlerini çekýär. Artist ussatlygyny kämilleşdirjek bolup, näçe ýyllar sarp edýär. Mesihi gahryman Rebbe gulak asyp ýaşajak bolup, artykmaç zatlaryň hemmesinden saplanýar. Eger Mesih üçin ýaşamaklyk zerur bolsa, onda Reýçel «hemme zady pida etmäge» taýýardy. Öz ynamyňyzyň size nähili kynçylyk getirendigi barada öýlanyň. Ynamyňyz üçin nämedir bir zady pida etmeli bolup hem şeýle etmedik wagtyňyz bolupmydy? Halasgäre ýakynlaşmaga päsgel berýän zatdan el çekmeklik özüňiz üçin nähili kynçylyk berip biler?
Reýçel Skott zerur bolan bahany tölemegi ýüregine düwdi. Ho Şi Min şäherine otluda barýan Demirgazyk Wýetnamdan bolan ýigrimi ýaşly ejizjek zenan hem edil şunuň ýaly etdi.
Ýaş zenanyň ýigrimi ýylyň dowamynda başdan geçiren kynçylyklary onuň birwagtky ajaýyp ýüzüne-de täsirini ýetiripdi. Stres we agyr zahmet öz roluny oýnapdy. Emma ol ýigrimi ýaşynyň dowamynda käbir adamlaryň altmyş ýaşda-da edip ýetişip bilmeýän zadyny etmäge ýetişdi.
Üç günüň dowamynda otlynyň içinde gaty agaç oturgyjyň üstünde oturan ýerinde, ol düşen gününe kaýyl bolup, Rebbiň özüne Hudaýyň Patyşalygy üçin etmäge mümkinçilik beren işlerini ýatlady. Öz ýaşaýan etrapçasyndaky ýekeje «baýry» mesihi bolany üçin ol ýöne bir öz durmuşy hakda gürrüň bermek we öz göreldesine eýermeklige çagyrmak bilen Isa Mesihe adam yzyna adam getirdi.
Bu ýaş zenanyň maşyny, hatda welosipedi-de ýokdy, ýöne gujurly elleri bilen aýaklary bardy. Munuň üçin ol Rebbe minnetdarlyk bildirýärdi, sebäbi ol adamlar bilen duşuşjak bolup uzak aralyklary geçip bilýärdi, öz ýygnanyşygyna barjak bolup, agaçdan ýasalan kiçijik gaýygy kürekläp suwdan geçip bilýärdi. Emma onuň güýçli elleri bilen aýaklary dyngysyz hyzmat zerarly ýadapdy. Bütin bedeni mejaldan gaçypdy.
Ol otlynyň içindäki oturylýan oturgyjyň üstünde ýatyp bilmeýärdi, ýöne käwagt oturan ýerinde uklaýardy. Şonuň ýaly pursatlarda, başdan geçirmeli bolan yzarlanmalaryndan galan gorkunç düýşleriň onuň düýşüne giren bolmagy gaty ahmal. Ýerli polisiýa ony gorkuzmaga synanyşdy. Köp adamlar ony äsgermezlik etdiler. Hatda ene-atasy-da onuň edýän işlerine garşy boldy. Olar buddistdiler. Şonuň üçin hem gyzynyň Isa hakda gürrüň berme höwesine we Oňa sežde etmesine düşünip bilmeýärdiler. Şeýle hem onuň düýşüne ýygnanyşygyň özlerine Mukaddes Kitaby tapyp bermegini haýyş eden üç agzasynyň giren bolmagy mümkin. Şol üç adam Isa barada köp bilmäge teşnediler.
Surnugan ejiz syýahatçyny nätekiz demir ýoldan barýan otlynyň sarsgyny oýardy. Ol sekiz ýüz millik syýahata döz gelmegiň aladasyny edýärdi. Şeýle hem öz saparynyň şowly boljagyna hem özüniň ýanyna barýan mesihi doganlarynyň mätäç bolan ruhy iýmitini tapyp biljekdigine umyt baglaýardy.
Ozal Saýgon diýip atlandyrylan şähere gelip düşende, mejaly gaçan bu aýal özüne kömek eder ýaly hiç bolmanda bir mesihini taparyn diýip umyt edýärdi. Şäher gaty uludy, şonuň üçin ol özüni howpuň içinde ýaly duýýardy. Ony bir zat köşeşdirýärdi, mesihi doganlary onuň özi we işerliniň üstünlikli bolmagy üçin doga edýärdiler. Olaryň dogasy eşidildi. Ýaş ruhy çopan aýal Ho Şi Min şäherine özi üçin diýseň zerur bolan Mukaddes Kitaplary alyp gelen günbatarly mesihilere duş geldi. Günbatarly mesihiler özüniň üç ýygnanyşygyna-da ýetişer ýaly, oňa welosiped satyn alyp berdiler. Aýalyň ýüregi şatlykdan pure-pür boldy.
Hoş habarçylar özleriniň gadyrly doganyny wokzala ugratmaga gitmezden ozal, daşynda töwerek bolup durup, onuň ýygnanyşyklaryna Hudaýyň ak patasynyň berilmegi üçin doga etdiler. Ol wagona giren badyna konduktoryň jürlewüginiň sesi ýaňlandy-da, otly ýöräp ugrady. Bu adamlar özleriniň aslynda baky bir maşgalanyň agzalarydygyna düşünýärdiler. Indi göni üç gije-gündiz dowam etmeli bolan syýahat hem külpetli görünmeýärdi.
Iki ýaş zenan. Iki sany düýbünden meňzeş bolmadyk ýagdaý. Ýöne diňe eriş-argaş bolup geçýän ýüp umumy. Gyzlaryň ikisi-de Hudaýyň özleri üçin kesgitlän wezipesini meýletin hem ikirjiňlenmän ýerine ýetirdiler. Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmek üçin olaryň ikisi-de bir zady pida etmeli boldy. Bir ýagdaýda janyny, ikinji ýagdaýda ýaşlygyny. Ýöne Reýçel Skottam, beýleki näbelli wýetnamly gyzam Hudaýyň özlerine beren mümkinçiligini ýokary tutupdylar.
Özüňe erk etmeklik şahsy tertip-düzgünliligi talap etmegi aňladýar. Siz bar ünsüňizi özüňize berlen ýumşa gönükdirmeli-de, oňa päsgel berýän zatlaryň hemmesinden daşda durmaly. Mysal üçin, ejesi çagasyndan öz otagyndan bir zat getirmegi haýyş edýär. Ýöne çaga gelýärkä öý haýwanyna, soň hem oýnawajyna ünsüni bölýär. Çaga tizara ejesiniň özüne buýran ýumşuny ýatdan çykarýar. Ejesi beren ýumşuny çaga ýatladýança bu ýagdaý dowam edýär. Munuň ýaly hereket çaga mahsus diýip pikir edýäris, emma ulular hem özüni şeýle alyp baraýsa, gynanýarys, hatda halamaýarysam. Özüňe erk etmegi we tertip düzgünli bolmagy öwrenmeklik diňe wagtyň geçmegi bolýar.
Hawa, mesihiler öz ruhy ýollaryndan köp çykýarlar. Olar näme etmelidigini bilýärler. Ilki başda ony etmäge hyýallanýarlaram, emma tizara ünsüni ondan sowýarlar. Munuň ýaly adamlardan tapawutlylykda, ynam gahrymanlary bar ünsüni öz wezipelerine gönükdirýärler-de, ony ýerine ýetirýänçäler ünsüni başga zada sowmaýarlar. Demirgazyk Wýetnamdan bolan ýaňky zenana Rebbiň tabşyrygyny ýerine ýetirmäge hiç zat päsgel bermändir. Ol özüne erk edip bilýärdi hem tertip-düzgünlidi.
Siz Hudaýyň öz öňüňizde goýan ýumşundan ünsüňizi aňsat sowýarsyňyzmy? Siziň ünsüňizi näme sowýar? Şunuň ýaly synaglara garşy durmak üçin siz häme edip bilýärsiňiz?
«Karara gelmezligiň özi eýýäm özbaşyna çözgüt çykarmaklyk bolýar» diýen jümläniň size tanyş bolmagy mümkindir. Başga sözler bilen aýtsak, saýlawyň öňünde duranyňyzda, siz ýa-ha işjeň hereket edip, işjeňligi öz eliňize alýarsyňyz, ýa-da işjeň bolman öz ýeriňize çözgüt çykarmaga başgalara rugsat berýärsiňiz. Aslynda akylly-düşünjeli ýa-da birden gelen ylham bilen hereket etmek diýen iki ýoluň birini saýlamak bolar.
Gahrymanlar öz edýän hereketlerine düşünýärler. Olar öz wezipesini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolan töwekgelçiligi bilýärler. Ýöne olar Hudaýyň islegine laýyklykda hereket edýärler. Belli bir karara gelenlerinde, olar öz hereketleriniň jogapkärçiligini öz üstlerine alýarlar. Düşünjeliligiň bu görnüşi — ynam gahrymanlarynyň ýene-de bir tapawutly tarapydyr. Bar ünsümizi Isada jemläp, özüne erk edip bilýän we beýik maksady ýatda saklaýan adam (Reýçel Skottyň düşen ýagdaýyndaky ýaly) öz janyny pida edip bilýär ýa-da (wýetnamly zenan ýaly) ýagdaýyň özünden talap edýän zadyny gyşarnyksyz ýerine ýetirip bilýär diýip aýdyp bileris. Halasgär Öz göreldesinde maksadyňa ýetmekde ünsüňi nähili jemlemelidigini hem-de hemme zadyň öz wagtynyň bardygyny görkezipdi . Käwagt bir adama şypa berenden soň, Ol şypa alanyň Özi barada hiç kime aýtmazlygyny tabşyrýar. Käwagt hem Isa şeýle edilmegine garşy bolup durmaýar. Bir gezek Ol Öz duşmanlary garaşyp duran bolsa-da, Iýerusalime bilgeşleýin gitmeýär. Ýöne soňky gezek Iýerusalime gidende, Özüne nämäniň garaşýandygyny gaty gowy bilýärdi. Şeýle-de bolsa, Ol «Öz ädimlerini» göni dönügiň guran duzaklary duran şähere tarap gönükdirýär.
Isa şägirtleriniň kim ilkinji bolmaly diýip edýän ownukçyl jedellerinden ýadapdy. Mundan başga-da, Ony şägirtleriniň Öz aýdan zatlaryna düşünmäge ukypsyzlygy lapykeç edýärdi. Köp ýagdaýlarda olar düýbünden düşünerden ejiz bolup çykýardylar. Emma Isa şonda-da olardan el çekmedi. Hatda şägirtleriniň aýagyny ýuwanda, olaryň aýagynyň ýakymsyz ysyna çydamaga-da kaýyldy. Bu hyzmatkäriň etmeli işidi, ýöne etmeli zady etmek gerek bolanda, Isa namys etmelidigini ýatdan çykardy. Isa gaharlanyp, ybadathanadaky satyjylaryň stollaryny agdardy, dürre bilen pul çalyşýanlary kowdy, emma esgerler Özüniň ýüzüne uranlarynda, Ol Özüniň adamlara öwredişi ýaly edip, jellatlara beýleki ýaňagyny-da tutdy.
Edil wýetnamly aýal ýaly, Ol hem Özüne bil baglaýanlaryň ruhy mätäçligini üpjün etmäge ýetişjek bolup, bir durmuşda iki durmuşy ýaşady. Edil Reýçel Skott ýaly, Isa duşmanyň Öz janyny almagyna razy boldy, sebäbi bu kysmatdan gaçmaklyk, Hudaýyň merhemetiniň bütin dünýäde edýän ulgamly täsirini bes etmeklik bolardy. Haçan Özüne erk edip, saklanmalydygyny, haçan hakykatyň tarapyny çalyp aýaga galmalydygyny Ol bilýärdi.
Isa Özüne erk etmäge borçludy. Isa Ýahýanyň Hoş Habarynyň 10-njy babynda Özüniň awtoportretini çekýär. Onuň çotgajyklarynyň çalyş giňişligi ýaýbaňdy hem-de batyrdy, peýda bolýan detallar bolsa pastoral görnüşi emele getirýärdi. (Pastoral — XIV-XVIII asyr Ýewropa edebiýatynyň we sungatynyň žanry). Isa — sürüsiniň ruhy gülläp-ösüşini üpjün edýän gowy çopandyr. Isa fariseýlere kakdyryp, Özüniň beýleki aladaçylsyran bolup ýörenler ýaly däldigini aýdýar. Ol ýekeje pursat hem ikirjiňlenmän, Öz goýunlary üçin janyny orta goýmaga taýýardygyny yglan edýär. Ýöne 17–18-nji aýatlarda, wagty gelende bu zatlary Öz islegi boýunça edýändigini açyk aýdýar. Ol hemme hereketlerine doly gözegçilik etmegini dowam etdirýär. «Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär. Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de ygtyýarym bar, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym» (Ýahýa 10:17-18).
Diňe Özüniň çykaryp bilýän çözgütleriniň jogapkärçiligi Isanyň üstüne ýüklenendi. Oňa özüni doly ynanan adamlar hem edil şunuň ýaly jogapkärçilik çekýärler. Olaryň başga adamlaryň talaplaryna jogap berme ukyby erbet etseler, özlerinden janyny alarlar diýen ynama esaslanýar. Olar Gökdäki Patyşalyk barada bilendigi sebäpli, özlerinde hemişe saýlaw bar diýip adalatly pikir edýärler. Olar ýagdaýlaryň näderejede gorkunç bolýandygyna garamazdan, şol ýagdaýlar özleriniň çözgüdini kesgitläp bilmez ýa-da kesgitlemeli hem däldir diýip hasaplaýarlar. Mysal üçin, muňa öz wezipesini ýerine ýetirmegiň hatyrasyna maşgalasy bilen gatnaşygy pida etmegi ýüregine düwen bir aýal ynanypdyr.
1980-nji ýyllarda bir gartaşan hytaýly aýal diýseň geň görnüşdäki özüne erk etme we ynam bilen hereket edipdir. Onuň öz ýurdundaky Mukaddes Kitaby okap bilmeýän mesihilere çyny bilen ýüregi awapdyr. «Azap çekenleriň sesi» guramasynyň kömegi bilen kyrk müň Mukaddes Kitaby ýaýratmak oňa başardypdyr. Bu aýal tutulaýan ýagdaýynda özüne nähili jezanyň garaşýandygyny bilýärdi (Mukaddes Kitap gadagan edilen kitapdy). Emma bu ony saklap bilmedi. Adamlara Hudaýyň hakykatynyň nuruny ýetirme isleginiň näderejede çuň bolandygyna düşünmek üçin ol hakda bu aýalyň adamsyndan soraýmaly. Aýalynyň öz işine diýseň wepaly bolandygyny adamsy tassyklap bilýär.
Mukaddes Kitaby kimiň gizlinlikde ýaýradýandygyny polisiýa bilende, bu aýaly tussag etjek bolupdyr. Ýöne gaçmak oňa başardypdyr. Özüni gözlemegini dowam edýän polisiýadan ol on ýedi ýylyň dowamynda gizlenip ýörüpdir. Hytaýdaky mesihileriň mätäçligini şahsy talaplaryndan we maşgalasynyň talaplaryndan ýokary goýandygynyň netijesinde, ol adamsy bilen ýylda iki gezek görşüp bilipdir («Azap çekenleriň sesi», Magtymguly aýy, 1994ý.).
Pikirlenmezden özüňi çyn ýürekden pida etmäge taýýar bolmaklyk — gaty seýrek duş gelýän zatdyr. Terrorçylygyň möwç almasy jemgyýetiň ünsüni sanýetmez «gynamalara» çekdi. Ýöne bu ölümler — özüne kast etmeler — biziň gürrüňini edýän özüni pida etme düşünjesine düýbünden garşy gelýär.
2001-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 11-indäki terrorçylyk hereketleriniň görkezişi ýaly, günbatar mesihilerini öldürmek üçin yslam terrorçylary diri bomba bolmaga-da taýýar. Olaryň pikiriçe, biz Hudaýsyz hem şeýtanyň ýaraglary bolup durýarys. Mesihileriň adamlaryň deňligi dogrusyndaky pikiri (mysal üçin, Mesihiň öňünde erkek bilen aýalyň arasynda hiç hili tapawut ýok diýen pikiri), aýallaryň raýatlyk hukuklarynyň hemmesinden mahrum bolmagyny we ýüzleriniň ýapyk durmagyny berk talap edýän adamlaryň gazabyny has-da lowladýar.
Al-Kaýdanyň harby lagerlerindäki terbiýeçiler bizi öldürmek bilen terrorçylaryň derrew ejir çeken bolýandygyny öwredýärler. Özüni partlatmak we öz ýany bilen mümkin boldugyça köp imansyzy «äkitmek» bilen özleriniň bir pursatda jennete düşmegini üpjün edýändigine terrorçylar ynanýarlar. Ýöne bu entek hemmesi däl. «Özüni pida etmegiň» ýene bir görnüşi hakda terrorçylary taýýarlan döwründe köp aýdýarlar. Terbiýeçileriň we terrorçylaryň «ruhy halypalarynyň» aýtmaklaryna görä, her bir ejir çekene jennetde ýetmiş iki sany päk gyz berilýär. Ol hem şol gyzlar bilen özleriniň gizlin arzuwlarynyň hemmesini amala aşyryp bilýär.
Hytaýly aýal teniň berýän şatlyklaryndan hem maşgalasy bilen gatnaşykdan ýüz öwürdi. Nämäniň hatyrasyna? Hudaýyň Sözüne teşne bolan mesihilere ruhy iýmit bermegiň hatyrasyna. Onuň özüni pida etmesiniň bar maksady öz bähbidi üçin däldi-de, başgalaryň bähbidi üçindi. Yslam terrorçysy bolsa, indiki durmuşda jynsy gatnaşyk fantaziýasyny amala aşyrjak bolup, janyna kast etmäniň bar elhençligini çekmäge taýýar bolýar.
Haçan özüňe erk etmegiň gerekdigini Isanyň bilendigini biz gördük. Bu hem beýik maksada ýetmegiň hatyrasyna özüne erk etmegi öwrenýän resullara sapak boldy. Öz-özüňi çäklendirme we özüňi pida etme adamlara ten isleglerini amala aşyrmak üçin her dürli mümkinçilikleriň hakyky «şwed stoluny» teklip edýän bu dünýäde gitdigiçe seýrek hadysa bolup barýar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanmazlyk gaty kyn zat. Sebäbi olar bize baýlyk, duýgy lezzetini we göwnaçyşlyk, ýagny «doly programmadaky ýaşaýşy» wada berýär ahyryn.
Hawa, Isanyň şägirdi bolmaklyk özüňi ret etmäni aňladýar. Siz häzir nähili synaglar bilen göreşýärsiňiz? Olar siziň mesihilik durmuşyňyza nähili haýbat atýar? Özüňizi maddy abadançylyk, maliýe, iýmit we jynsy gatnaşyk meselesinde terbiýelemek üçin siz näme edip bilersiňiz?
Şu sorag hakda gürrüň edende, resul Pawlus aýdyňlyk girizýär. Ol Rimlilere Hatynda özüňi pida etmeklik barada «diri pida» hökmünde aýdyp, oňa makullaýjy äheňde seslenýär.
Rimliler 12:1-2
Resul bu ýerde ejir çekmegiň göni manysy hakda aýtmaýar-da, teni höwesleri bilen bile öldürmegi göz öňünde tutýar. Al-Kaýdanyň taglymatyndan tapawutlylykda, teniň höweslerini kanagatlandyrmanyň hatyrasyna ýaşama (ýa-da ölme) pikiri, ýerde bolşy ýaly, gökde-de, Hudaýyň biziň ýaşaýşymyza bolan garaýşyna garşy durýar. Munuň deregine Hudaý Özüne ynanýanlary Rebbe bagyş etmeklige, ýagny özüni gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaklyga çagyrýar. Pawlus öz düşündirişlerinde Köne Ähtde suratlandyrylýan gurbanlyklar ulgamyna daýanýar. Ruhanylar günäleriň bagyşlanylmagy üçin Hudaýa owlaklary, guzulary we öküzleri gurbanlyk hökmünde getirýärdi.
Ýöne adam özüni «diri gurban» hökmünde berip ugran wagtyndan başlap, biziň işjeňligi öz elimize alyp, Hudaýyň erkini amala aşyrmak üçin zerur bolan zatlaryň hemmesini etmelidigimizi Pawlus açyk-aýdyň aýdýar. Şol sanda biz özümize nämäni islemelidigini görkezýän dünýä bolan garaýşymyzy-da üýtgedip, kalbymyzy Hudaýyň hakykaty bilen işjeň iýmitlendirmäge başlamalydyrys. Eger özümizi ret etmek üçin wajyp bolan zatlaryň hemmesini etmesek (hem-de özümizdäki köne «meni» öli hasaplamasak), onda hemişe teniň girewine alan adamy bolarys. Jeý Kesleriň aýdyşy ýaly, «“diri gurbanlaryň” kynçylygy olaryň sypadan ýuwaşja aýrylyp gitmäge ymtylýandygynda jemlenendir».
«Azap çekenleriň sesi» guramasynyň işgärleri ýagdaýlara hereketsiz däl-de, işjeň garamaga kömek edýän özüňi meýletin pida etme nukdaý-nazarynyň üstünde köp oýlandy. Konner Edward şeýle ýazýar: «Özüňe erk etmeklik bilen özüňi pida etmeklik — mesihilik durmuşynyň esasy binýady bolup durýar. Biz imanda ösdügimizçe, Hudaýyň hakykatdan hem Özüni görkezişi ýaly Hudaýdygyny görenimizde, Onuň “özüňi ret edip, haçyňy alma” çagyryşyna eýermek islegimiz durmuşymyzyň bir bölegi bolup galýar. Özümizde ýa-ha hamymyzy alyp, özümizi ret etmeklige, ýa-da haçy ret edip, özümiz bilen meşgullanma saýlawymyzyň bardygyny biz bilýäris. Birinjini saýlamak — ýaşaýşy saýlamakdyr, ikinji bolsa — ölüm we çüýremedir. Elbetde, ýaşaýşa barýan ýol bize gymmat düşýän bolsa-da, bu şeýle».
Rimlilere Hatyň 12-nji babynyň birinji iki aýadyna Ýujin Petersonyň beren düşündirişinde «ýaşaýşy saýlamagyň» nämäni aňladýandygy dogrusynda ujypsyzja aýratynlyk bar. «Ine, men sizden näme isleýärin: özüňiziň adaty gündelik durmuşyňyzy — naharyňyzy, ukyňyzy, işiňizi we ş.m. — alyň-da, ony gurbanlyk hökmünde Hudaýa teklip ediň. Hudaýyň özüňiz üçin eden zadyny kabul etmeklik — bu siziň Onuň üçin edip biljek iň gowy zadyňyzdyr. Bu dünýäniň özüňize teklip edýän zatlarynyň hemmesini oýlanmazdan ýuwutmak üçin oňa has beter ysnyşmaň. Munuň deregine Hudaýda bar ünsüňizi jemläň. Siz doly üýtgäň. Sizi hemişe ilkibaşdaky instinktiňize tarap yza çekýän jemgyýetden tapawutlylykda, Hudaý sazlaşykly ösmäge hem kämil we mynasyp şahsyýet bolmaga kömek edip, sizde iň gowy häsiýetleri ýüze çykarýar» («Hat»).
Reýçel Skott bilen wýetnamly ýaş zenan özleriniň ýaşlygyna garamazdan, şunuň ýaly kämil şahsyýetler bolup çykdylar. Hytaýly aýal hem şeýle boldy. Bularyň üçüsi hem Hudaýyň erkini bilýärdiler, şonuň üçin hem ony gerek wagtynda ýerine ýetirdiler. Özüňi «diri gurban» bermäniň nämäni aňladýandygyna olar gowy düşünýärdiler, ýöne şonda-da, özlerini Hudaýyň gurbanlyk sypasynyň üstüne goýdular.
Konner Edwards şeýle diýmek bilen sözüni dowam etdirýär: «Biziň Mesih sebäpli ezýet çeken doganlarymyzdan başga hiç kim “özüňi ret edip, haçyňy alma” ýörelgesini görkezip bilmedi. Mesihiň yzyna düşmegiň maşgalaň bilen aýralygy ýa-da aýlap, hatda ýyllap hem türmede bolmaklygy aňladýandygyny olar bilýärdiler. Şunuň ýaly adamlaryň köpüsi Mesihe gulluk etmek üçin wezipe derejelerinden we bilim almasyny dowam etdirmekden el çekdiler. Şol zatlaryň hemmesiniň wagtlaýyndygyny, Hudaýyň patyşalygynyň bolsa bakydygyny olar bilýärdiler. Yzarlanylýan mesihilere seredenimizde, biz olaryň mysalynda köp zatlary öwrenýäris».
Hudaý Özüniň hatyrasyna abadançylygyny, hatda janyny hem pida etmäge taýýar bolanlary doly sylaglajakdygyna wada berýär. Aýallara we erkeklere özüni partlatmak bilen ýigrenmegi, öldürmegi öwredýän adamlardan tapawutlylykda, Hudaý hut adamyň janynyň teşne bolan zadyny bermekligi wada berýär. Biz Hudaý tarapyndan geçip gidýän ten şatlygy üçin ýaradylmadyk. Gökdäki Atamyz synag döwründe Özüni Reb hökmünde ykrar edýänlere ähli akyldarlykdan ýokary bolan parahatlygy we şatlygy teklip edýär. Bu ýerdäki ýaşaýşymyzda aljak sylaglarymyzyň diňe bir bölegidir. Öz şaýatlyklarymyzyň täsiri bilen Mesihe iman eden adamlar bilen Hudaýyň tagtynyň daşyna üýşenimizde, Hudaý bilen gatnaşygyň geçip gitmeýän tükenmez şatlygyny göreris.
Ynam gahrymanlary tertip-düzgünlidir. Olar özlerini pida edýärler, synaglaryň garşysyna söweşýärler, sabyrlylyk görkezýärler we hereket edýärler, hereket edýärler, hereket edýärler. Şu fonda siz nähili görünýärsiňiz?
• Özüňi pida etmegiň nämedigine gowuja düşünmek üçin, Hudaýyň yzyna düşmäge özüňize päsgel berýän bir güýmenjäni saýlaň-da, boş wagtyňyzy Mesih bilen gürrüňdeşlige ulanyp, päsgel berýän güýmenjeden bir hepdelik el çekiň.
• Munuň, ýagny arzuw edýän maksadyňa ýetmekde bar ünsüňi jemläp, ony ünsden düşürmezligiň nähili kyndygyny gowuja göz öňüne getirmek üçin maşynda gysgaja gezelenç edeniňizde, özüňizi gyzyklandyran we maksadyňyza ýetmekdäki ýoluňyzy haýalladan zatlaryň hemmesini (dükandaky haryt söwdasyny, garbanyşhanany, dostuňyzyň öýüni, owadan peýzažy we ş. m.) belläň. Birneme soňrak şol sanawa serediň-de, mesihi durmuşyňyz bilen deňeşdiriň. Mysal üçin, Hudaýa ýakynlaşmaga size haýsy «garbanyşhana» päsgel berýär?
• Özüňize erk etmegi öwrenmek üçin adatça günortanlyk naharyna sarp edýän wagtyňyzy doga etmeklige bagyş edip, bir gün oraza tutuň. Ýa-da telewizion gepleşiklerine seretmekden saklanyň.
• Günleriň birinde sizden (edil Reýçel Skottdan talap edilişi ýaly) janyňyzy bermekligiň talap edilmegi mümkin. «Her gün ölmeklik» ähli mesihileriň maňlaýyna ýazylandyr. Hudaý bu gün sizden nähili pida garaşýar?
• Bu bapda Hudaýyň Sözüni wagyz etme islegi üçin ejir çeken iki zenan hakda gürrüň berilýär. Siz nähili pikir edýärsiňiz, siziň araňyzdan haýsyňyz Mukaddes Kitaby okamadan bähbit alyp biljek? Şol adama Mukaddes Kitap satyn alyp beriň. Mukaddes Kitaby sowgat bermezden öň, şol adamyň özüňizi şatlyk bilen kabul etmegini sorap, Hudaýdan kömek soraň.
8 bap
Söýgi
1982-nji ýylda Uotergeýt galmagalyna gatnaşyjylaryň biri Çarlz Kolson nobatdaky jemgyýetçilik çykyşyna gitmek üçin uçara münýär. Ol türmede wagty mesihi bolupdy. Ol şol ýerde «Türmäniň baýlygy» guramasynyň ýolbaşçysydy. Edil şol uçarda asly Filippinden bolan syýasy žurnalist Benito Akwino hem uçupdyr. Akwino Kolsony tanap, onuň ýanyna gelýär-de, özüni tanyşdyrýar. Soň onuň «Täzeden doglan» atly kitabyny okap, mesihi bolşuny gürrüň berýär. (Bu kitapda Kolsonyň türmedäki durmuşy we onuň mesihi bolşy gürrüň berilýärdi).
Akwino diktator Ferdinanda Markosyň düzgüniniň pidasy bolşuny gürrüň berýär. Akwino özüniň makalalarynda Markosy, sypaýyçylyk bilen aýtsak, gelşiksiz hereketlerde aýyplap ýazýardy. Netijede Akwino ýedi ýyl, ýedi aýyny türmede geçirdi. Ilki başda tussaglykdaky ýoldaşlary bilen deň derejede Hudaýy ýigrenendigini žurnalist boýun aldy. Ol şahsy ýigrenjiniň ýesiri bolupdy. Bir gezek mesihi ejesi oňa Kolsonyň kitabyny getirip berýär. Ol bu kitaby gowuja okap çykandan soň ýüregini Mesihe berýär. Akwino edil şu pursaty öz durmuşynyň öwrümi hasaplaýar.
Akwinony türmeden boşadanlaryndan soň, ol syýasy gaçybatalga gözläp, Birleşen Ştatlara gaçyp gidýär. Şol ýerde-de imanda ösüp başlaýar. Ol şeýdibem Kolson bilen duşuşýar. Tötänden bolan duşuşyk berk dostluga geçýär. Akwino bilen Kolson ýurda bile aýlanyp, başdan geçiren zatlaryny gürrüň berip başlaýarlar. Bir gezek Akwino, öz pikiriçe, Hudaýyň ondan Filipine gitmegini, şol ýerde-de işini dowam etdirmegini isleýändigini aýdyp, Kolsona duýdurýar. Ýöne Akwino bu gezek Isanyň ady bilen korrumpirlenen häkimiýetiň garşysyna çykmakçy bolýardy. Mesihi söýgüsiniň islendik ýamanlykdan güýçlüdigine Akwino ynanýardy.
Akwino ýurduna dolanmaga taýýarlanyp ýörkä, onuň goldawyna mätäç bolan Kolson ýurdundaky birahat ýagdaý babatda aladalanýandygyny aýdýar. Kolson öz dostundan özüne näme boljakdygy barada pikir edendigi ýa-da etmändigi hakda soraýar. Kyrk ýaşly žurnalist öňünden gören ýaly: «Eger Markos maňa prezident saýlawyna gatnaşmaga rugsat berse, men şol saýlawda ýeňiş gazanaryn. Eger ol meni türmä salsa, onda “Türme baýlygynyň” ýene bir toparyny guraryn. Eger Markos meni öldürse, onda Isa bilen bile bolaryn» diýip jogap berdi.
Bu gürrüňden birnäçe hepde geçenden soň, Akwino Filippine gaýdyp bardy. Ol Manil aeroportynda uçaryň trapyndan düşüp gelýärkä, käbir syýasatçylaryň öňden aýdyşy ýaly boldy. Snaýperiň oky Akwinonyň ömür tanapyny üzdi. Geň galaýmaly, ýöne bu onuň işiniň soňy bolmady. Filippinliler öz gahryman mesihisiniň agysyny aglap ýörkäler, Akwinonyň gaçgaklykda eken söýgi tohumlary maýsalap ugrady.
Katolik ybadathanasynyň kordinaly Sin Akwinonyň elinden baýdagy gapyp alyp, milleti ruhy köklerine dolanyp, Isa Mesihe iman etmeklige çagyrdy. Millet hem onuň çagyryşyna eýerdi. Akwinonyň ölümi bilen kordinalyň çagyryşy Filippindäki ruhy hereketleriniň ýaýbaňlanmagyna ýardam etdi. Bütin ýurtda doga edýän toparlar we öý ýygnanyşyklary peýda boldy.
Birnäçe wagt geçenden soň, üç ýüz sany harby işgär döwlet agdarylyşygyny edeninde, kordinal Sin telewideniýede çykyş edip, mesihileri (şol sanda katolikler bilen protestantlary-da) diktatura garşy aýaga galmaga çagyrýar. Netijede gudrat ýüze çykýar duruberýär. Iki müň filippinli köçä çykýar welin, Markosyň tanklary gymyldap hem bilmän galyberýär. Zalym hökümdar agdarlyp, demokratiýa dikeldilýär. Şeýdip, adadaky döwletde täzeden dikeldiş şemaly öwüsýär.
1988-nji ýylda Waşingtondaky Kongressde Çarlz Kolson delegatlara bu wakany gürrüň berende, diňe bir gurban bolan dostuny hormat bilen ýatlaman, eýsem onuň söýgüsi hakda hem şaýatlyk etdi. Hut şu ajaýyp duýgy hem bu ynam gahrymanyny beýleki adamlar üçin janyny meýletin bermeklige ruhlandyrdy. Kolsonyň sözlerine görä, «bu gahryman türmeden: “Men döz gelerin, sebäbi mesihi söýgüsi hemme ýamanlykdan güýçlüdir” diýmek üçin çykdy».
Söýýän adamy üçin janyny bermäge taýýar bolan adam hemmelerden köp söýýändir. «Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur» (Ýahýa 15:13). Isanyň biziň günäli dünýämize Özüniň çäksiz söýgüsini görkezmek üçin Özüniň bermeli bolan gurbanlygy hakda aýdandygyna biz düşünýäris. Onuň göreldesi bizi Rebbiň yzyna eýermäge ruhlandyrýar hem-de hakyky söýginiň ölçeglerini kesgitleýär.
Isanyň taglymatyny ýönekeý deňleme bilen beýan edip bolar: «n — derejedäki söýgi = beýlekiler üçin 1 jan». Eger kimdir birini şol adamyň siziň üçin özüňizden-de gymmatdygyna ynandyrjak bolsaňyz, onda özüňizi şol adama beriň. Ine, näme üçin ene ýa-da ata çagasyny halas etjek bolup, özüni maşynyň aşagyna taşlamaga taýýar bolýar.
Azap çeken mesihileriň hemmelere bolan söýgüsini ene-atanyň söýgüsi bilen deňeşdirmek bolar, sebäbi eneata öz çagasyny jany-teni bilen çyn ýürekden söýýär. Aslynda biziň ynam gahrymanlary hökmünde tanaýan adamlarymyz öz maşgalasy üçin «ätiýaçlyk» goýan söýgüsini şol söýgä has mätäç bolanlaryň hemmesine adaty ýagdaýlarda sowgat berýärler. Adamlara bolan arassa, hiç öçmeýän söýgüsi olary beýlekilerden tapawutlandyrýar. Olaryň aýaklary beýleki adamlaryň egrem-bugram ýodalary bilen hemişe Halasgäriň yzyna düşüp ýöremekden ýaňa dabanlary gatap gidipdir.
Başga bir syýahat döwründe Akwinodan az meşhur bolmadyk başga bir ýolagçy Isany ýüregine kabul edýär. Ol beýleki adamlar üçin janyny meýletin berýär.
«Titanigiň» ýolagçylarynyň arasynda Beýik Britaniýadan bolan otuz dokuz ýaşly ruhy çopan hem bardy. Jon Harperiň taryhyny bilýän adamlar ony «Titanigiň soňky gahrymany» diýip atlandyrýar. Bu ýaş mesihi ýigit dünýädäki iň uly gäminiň birinji gatnawyna petek satyn alanda, öňde özüne bir zadyň garaşýandygyna şübhelenmeýärdi. Hormatly Harper Çikagonyň Moodi adyndaky ýygnanyşygynda wagyz sözleri bilen birnäçe gezek çykyş etmäge çagyrylan çakylygy kabul edipdi. Ol ýaňy-ýakynda aýalyny aldyrypdy, şonuň üçin hem Amerika gidýändigine begenýärdi. Ol bir çagany terbiýeleýän ýalňyz atanyň başyna düşen hasrat we kynçylyklary ýeňmeli diýen duýgy bilen göreşmeli bolupdy. Ýöne ol Amerika bolan şu syýahatda Hudaýyň özüni üýtgeşik bir tär bilen ulanjak bolýandygyny duýýardy.
Harper ýola dokuz ýaşly gyzy we on bir ýaşly ýegeni bilen çykypdy. Ol bu syýahaty ömrüniň soňuna çenli ýatdan çykmaz ýaly etmek isläpdi. Görnüşine görä, ýatda galyjy syýahat we Rebbe üýtgeşik tär bilen gulluk etme umydy biderek bolup çykmady. Onuň iki islegi-de amala aşdy, ýöne onuň pikir edişi ýaly ýol bilen däl.
Bir wagtlar Gurbansoltan aýynyň 15-i amerikan salgyt töleýjilerine salgyt deklarasiýanyň berilmeli güni diýlip yglan edilipdi. Indi bu gün başga hili netijeleriň hem jemlenilýän güni boldy. «Titanigiň» içindäki mesihiler üçin bu gün olaryň Hudaýa bolan imanynyň synalan güni boldy. Imany bolmadyk adamlar üçin bu gün olaryň bakylyk bilen duşuşan güni boldy.
Betbagtçylyk bolup, gämi gark bolup başlanda, ähli aýallar bilen çagalar ätiýaçlykda duran şlýupkalara mündürilýär. Şol şlýupkalarda çagalary bilen syýahat edip barýan erkek adamlara hem ýer berilýär. Emma Jon Happer özüne berlen ýerden ýüz öwürýär. Mukaddes Ruh ony beýleki ýolagçylar üçin janyny pida etmeklige çagyrýar. Şlýupkadaky ýerinden ýüz öwürmeklik bir adamy fiziki taýdan halas etmekligi aňladýardy. Ýöne öz janyny bermek bilen köpleri baky durmuşa getirip biljekdigine Harper ynanýardy.
Harper öz gyzy bilen ýegenini şlýupkalaryň birine mündürýär-de, özi meşhur gäminiň palubasynda galýar. Ol aglap, indi ýerde hiç haçan görüp bilmejek gyzyna elini hoşlaşmak üçin bulanda, hakyky ynam gahrymanyna mahsus bolan özüne erk etmäni görkezdi. Palubada halas ediş gursakça ýetmändigi sebäpli aljyrap ýören adamy görende, ruhy çopan oňa öz gursakçasyny höwes bilen berýär. «Titanigiň» üstünde galanlary köşeşdirip ýörşüne, Jon olary Isa Mesihe ynanmaklyga çagyrýar.
Gark bolup barýan gämiden ýüz yard aňyrda duran, emma şonda-da köşeşmedik halas edilen adamlar şlýupkanyň içinden «Titanigiň» Atlantikanyň gara buz ýaly suwuna gark bolşuna seredip durdular. Olar, elbetde, palubada näme bolandygyny görüp bilmediler. Ruhy çopan Harper dyza çöküp, gorkup duran ýolagçylaryň bir topary bilen bile doga edip başlady. Şlýupkalar gaty daşdady, şonuň üçin olaryň içindäkiler ruhy çopanyň gäminiň üstünde galan sazandalardan «Rebbim, Saňa ýakynlaşýan» diýen sazy çalmagy haýyş edenini eşitmediler.
Jon Harperiň çagalara we aýallara goşulyp gitmäge haky bardy. Ýöne edil Ýewreýlere Hatyň 11-nji babynda gürrüňi edilen ynam gahrymanlary ýaly, bir minutlyk bähbidiň ýesiri bolmady hem öz maşgalasyny hemme zatdan ýokary goýmak islemedi. Jon Harper gämide galyp, gurban bolmak kysmatyna ýazylan ýolagçylara we gäminiň ekipažyna Hudaý hakda şaýatlyk etmek üçin gaýduwsyz netijä geldi. Jon Harperiň hereketi Jeýms Kameronyň meşhurlyk gazanan filminde öz beýanyny tapdy. Ýöne onuň durmuşy filmiň sahnaçylarynyň oýlap tapan söýgi taryhyndan has hasratlyrak bolupdy. Ýöne iň wajyp zat — Jon Harperiň öz janyny bermeklige gelen karary biderek ýere bolmady.
Birnäçe ýyllar geçenden soň, bir şwed deňizçisi Kanadadaky ýygnanyşyklaryň birinde özüniň nädip Hudaýa iman edişini gürrüň berýär. Bu adam «Titanik» gark bolandan soň, gudrat bilen halas bolýar. Ol deňinden geçip barýan gämi özüni çekip alýança, halas ediş gursakçasyny geýip, buzly suwuň içinde ýüzüp ýörýär. Şwed deňizçisi özüni (beýleki ýolagçylary-da) Mesihe hut Jon Harperiň getirendigini aýdýar. Jon Harper buzly Atlantika özüni ýuwudýança, halas ediş gursakçasyny dakynmadyk bolsa-da, ýüzüp ýörşüne Mesihi wagyz edipdir.
Benito Akwino bilen Jon Harper öz durmuşlarynyň başgaça gutarmagyny isläpmidiler? Biziň pikirimizçe, ýok. Bir gezek bir pelsepeçiniň aýdyşy ýaly: «Özüňi hiç zada zar etmän ýaşamaklyk, hiç haçan nämedir bir zada wepaly bolmazlygy hem kanagatlanma duýgusyny duýmazlygy aňladýar».
Bu iki adam kanagatlanma duýgusyny duýup dünýäden ötdi, sebäbi bolan zatlar Hudaýyň hakykatyna wepalylykdan syzylyp çykdy. Olaryň wepalylygynyň kökleri Hudaýyň geň galdyryjy söýgüsiniň içinde gizlenipdi. Hudaýyň şol söýgüsini Pawlus şeýle beýan edýär: «…Mesihiň soýgüsi bizi mejbur edýär; sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris» (2 Korintoslylar 5:14). Şu ýerde resul özüni akylsyz hasaplap, üstüne topulanlaryň çozuşlaryny suratlandyrýar. Pawlusyň tankytçylary resul aklyndan azaşandyr diýip pikir etdiler, sebäbi ol Mesihiň işine jany-teni bilen berlip, mesihilik ynamyna mümkin boldugyça köp adamy getirmek isleýärdi. Pawlus Halasgäre mätäç bolan adamlara Hudaýyň Hoş Habaryny ýetirip, öz borjuny gabanjaňlyk bilen ýerine ýetirýärdi.
Resul özüne sögülip masgara edilse-de, şol işleri edýändiginiň sebäbini düşündirmäge synanyşdy. Ol Hudaýyň biziň hatyramyza eden zadynyň özümize, Rebbiň öňünde gorkýandygymyzyň sebäbiniň barlygyny ýatladýandygyny aýdýar. Gökdäki Atamyz biziň özümiz üçin edip bilmejek zadymyzy etdi. Ol Öz Ogluny biziň günälerimiz üçin ölmäge goýberdi. Şeýdip, geçmişimiziň soňuna sogan ekildi. Her bir adam Mesihiň täze ýaradylyşy bolup biler. Täze ýaradylyş bolup bilmekligiň elýeter bolandygy sebäpli, biz şeýle bolmaklygyň amala aşmagy üçin elimizden gelen zady etmeklige çagyrylandyrys.
Isa Mesih arkaly bize görkezilen Hudaýyň söýgüsi hakda hemmeleriň bilmelidigini Pawlus aýdýar. Hudaýyň Mesihiň Öz janyny bagyş eden adamlary hakda Hudaýyň näme pikir edýändigini bilenimizden soň, muny töweregimizdäkiler bilen paýlaşmak islegine garşy durup bilmeýäris. Onuň söýgüsi bu dünýäni (hatda şeýle etmeklik biziň üçin gan dökmäni aňlatsa-da,) Mesihiň söýgüsiniň reňkine boýamaklyga ruhlandyrýar. Onuň söýgüsi indi bizi özümiz üçin däl-de, Özi üçin, ahyr netijede beýleki adamlar üçin ýaşamaklyga ruhlandyrýar.
Akwino bilen Harper özleriniň hiç haçan hem tanamadyk adamlary üçin janlaryny gurban etdiler, sebäbi şeýle etmeklige olary Mesihiň söýgüsi çagyrypdy. Olaryň adamlara bolan söýgüsi Halasgäre täze ýürekleri getirip, Mesihiň Patyşalygynyň araçäklerini süýşürýänçäler, özlerine rahatlyk bermedi.
Biz söýgi hakda gürrüň edenimizde, adatça özümiziň gözleýän ýa-da tapýan duýgumyzy göz öňüne getirýäris. Şonuň üçin «ýakynyňy söý» ýa-da «duşmanyňy söý» diýen çagyryşlary eşidenimizde, muny nämedir bir zat bilen deňeşdirmek kyn bolýar. Biz nädip kalbymyzda özümiziň tanamadyk adamymyzy ýa-da özümizi ýigrenýän adamy söýme duýgusyny terbiýeläp bileris? Şeýle-de bolsa, Ýazgynyň özümize öwredýän zadyna esaslananymyzda, söýmegiň ilkinji nobatda belli bir hereketlere alyp barýan karara gelmekligi aňladýandygyna düşünýäris. Başgaça aýtsak, öz duýgularymyza garamazdan, beýleki adamlar üçin söýgi bilen hereket etme kararyna gelmelidiris. Şondan soň şonuň ýaly duýgular döräp biler.
Akwino bilen Harper özleri üçin şeýle saýlaw etdi: Akwino gitdi, Harper galdy. Netijede ikisi-de başgalary halas etmek üçin janyny pida etdi.
Biz diňe söýmesi aňsat bolan, ýagny bile bolmagy gowy görýän adamymyzy ýa-da özümizi gowy görýän adamy söýmeli däldiris. Şunuň ýaly söýgä mynasyp bolmadyk adamlar üçin söýgi bilen hereket edenimizde, Mesihiň jan-dilden çykan söýgüsini görkezýäris. Şonda adamlar bizde Halasgäriň keşbini görýär.
Özüňize ýaramaýan ýa-da size duşmançylykly garaýan adam hakda pikirleniň. Şol adamy gowy görüp bilmek üçin siz näme edip bilersiňiz? Biz nähili saýlaw etmeli? Nähili ädimleri ätmeli?
Akwino bilen Harper Mesihiň işi ugrunda janyny pida eden ýeke-täk adamlar däldir. Olar söýginiň hatyrasyna hereket edendikleri üçin akylsyz hasaplananlaryň biridir. Öz janyny başgalaryň ugrunda pida etmäge taýýar bolanlaryň ýüreklerinde Hoş Habaryň nuruny bütin dünýä ýaýratma islegi lowlaýar. Jebir çeken bu adamlaryň ýüreklerinde hemme adamlary bagyşlamagy öwredýän söýginiň çeşmesi akyp dur.
Korri ten Boomyň durmuşynda hem edil şunuň ýaly ýagdaý bolup geçdi. Ikinji jahan urşy döwründe öz öýünde gollandiýaly ýewreýleri gizlemek bilen onuň maşgalasy Hudaýyň söýgüsini görkezdi. Ýerli häkimiýet muny bilenden soň, Boomlaryň bütin maşgalasy tussag edilip, türmä salynýar. Ten Boomlaryň «jenaýatynyň» netijesi elhenç boldy. Milletçiler maşgalany dargatdy. Bu elhençligiň arasynda Korri bilen uýasy Betsiniň işi «şowuna» boldy. Hudaýa minnetdarlyk bildirmegi bes etmändikleri üçin olaryň ikisini bir türmede galdyrdylar. Gynansak-da, olara şondan soň kakasyny görmeklik miýesser etmedi. Segsen dört ýaşly goja tussag edileninden dokuz gün geçenden soň aradan çykýar.
Korri bilen Betsi Germaniýadaky Rawensbrýuk konslageriniň «buýsançlarynyň» hemmesini başdan geçirmeli boldy. Yzarlanylmalara sezewar edilen beýleki mesihileriň köpüsi ýaly, uýalar hem garawullaryň gynamalaryny-da, üstünden gülmelerini-de çekmeli boldular. Ikinji jahan urşy döwründe alty million ýewreý gurban boldy. Olaryň arasynda Betsi-de bardy. Korrini ýalňyşlyk bilen azatlyga çykardylar. Onuň azatlyga çykmasy diňe fiziki taýdan boldy, sebäbi geçmişiň salgymy köp ýyllaryň dowamynda onuň yzyna düşüp, özüni gynanlara bolan ýigrenji köredi durdy.
Ýewropa milletçilikden azat edileninden soň, Korri Rebbiň özüne beren mümkinçiliginden peýdalanyp, adamlara öz ykbaly barada gürrüň bermek üçin Amerika gidýär. Ýöne bir ýyl geçenden soň, Korri Gollandiýa gitmeli wagtyň gelendigini duýdy. Özüni çykyş etmäge Germaniýa çagyranlarynda, Korri ilki başda bu çakylykdan boýun towlady. Ol nädip özünde aýylganç ýatlamalary saklap oturan ýurda baryp biler? Ol hakykatdan hem çakylygy kabul etmek islemedi, ýöne özüniň Germaniýa gitmegini Hudaýyň isleýändigini ýüreginde duýdy. Ahyrsoňy Korri şonuň ýaly hem etdi.
Korri her dürli ýygnaklarda çykyş edip ýörşüne, ykbalyň konsentrasion lagerde duşuran adamlaryny gördi. Şol adamlaryň arasynda özüni gynan we ezýet berenleri-de bardy. Içinde ýigrenç bilen öýkäniň ösýändigini duýanda, Korri Rebbe ýüzlenip, Ondan şol adamlary bagyşlamaga we söýmäge kömek etmegini sorady. Ýygnaklaryň birinde ol bir adamy gördi. Korri onuň Rawensbrýugyň garawullarynyň biridigini derrew tanady. Şol adam özi bilen salamlaşmak üçin ýanyna gelende, Korri onuň mesihi bolandygyna düşündi. Ol adamyň özüniň öňki ýesirini tanamandygy Korrä düşnükli boldy. Ol adam Korrä elini uzadyp: «Rebbiň hemme adamlary bagyşlaýandygy nähili ajaýyp zat» diýdi.
Bu ädimi ätmeklik Korri üçin gaty agyr boldy. Umuman-a ol şeýle edip bilerin hem öýtmeýärdi. Ýöne ol elini uzadanda, özi üçin garaşylmadyk bir zat boldy. Ol bu adama bolan söýgüden dolup daşdy. Korri ol adamy çyn ýürekden bagyşlamagy başaryp bildi. Onuň Hoş Habaryň nuruny ýaýratmaga bilgeşleýin gelen kararynyň özi Korriniň ýüregini ýumşatdy. Korri özüne seredende, şol adamy söýmeklige hut Mesihiň söýgüsiniň ruhlandyrandygyna düşündi. Şol adamyň özüne hem beýleki tussaglara örän zalym darandygyna seretmezden, Mesihiň onuň üçin hem ölendigini Korri boýun almaly boldy.
Biziň görşümiz ýaly, ynam gahrymanlary diňe bir Gollandiýada, Germaniýada ýa-da Filippinde duş gelmeýär. Öz duşmanlaryny söýmäge Mesihiň ruhlandyrýan gahrymanlaryna hemme ýerde-de duş gelmek bolýar. Biz Korri ten Boomyň özüni türmä taşlap, ezýet beren adamyny bagyşlamaga güýç tapyşyna geň galyp bileris. Ýöne daş-töweregiňize göz aýlaň! Belki, siz gözenegiň aňyrsyna diýseň adalatly düşen adama mähremlik eden bir adamy taparsyňyz. Edil şunuň ýaly waka Ueýn Messmer atly amerikalynyň durmuşynda boldy.
Ueýn Çikago sport durmuşyna gatnaşyjy hökmünde ABŞ-nyň Orta Günbatarynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň labyza baý bolan sesinden her ýyl taryhy Rigli sport meýdançasyna ýygnanan müňlerçe adam lezzet alýar. Ueýn şol ýerde diktor bolup işleýär. Mundan başga-da, ol adatça Çikago beýsbol we hokkeý komandalarynyň resmi oýunlarynda ABŞ-nyň milli senasyny hem ýerine ýetirýär. Bu zehinli adam boş wagtlary wagyz edip hem çykyş edýär. Bir söz bilen aýtsak, bu mesihi güzerany üçin öz sesi bilen gazanç edýär.
Emma 1994-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda bolan zat ony ruhdan düşürdi. Ueýn hokkeý oýnundan soň dostlary bilen agşamlyk naharyny edinip, maşynynyň ýanyna gelýärkä, iki sany ýetginjek ýakyndan göni çenäp, ony atdy. Salnan ýara şeýle bir howpludy welin, ony operasiýa eden lukmanlar Ueýni gaty alada edýärdiler. Ahyrsoňy onuň ýagdaýy birneme kadalaşyp ugrandan soň hem lukmanlar Ueýniň aýalyny erbet habara taýýarlap başladylar. Oklaryň biri onuň bokurdagyna degipdi, şonuň üçin hem Ueýniň aýdym aýtmaklyga gaýdyp barmagyna mümkiçilik ýok diýen ýalydy. Ýöne Ueýniň maşgalasynyň, dostlarynyň we beýleki mesihileriň eden dogalarynyň kömegi bilen Çikagonyň ýaşaýjylary keramatyň şaýady boldy. Ýaralananyna alty aý geçenden soň, Ueýn Messmer ýene-de müňlerçe janköýerleriň öňünde durup, «Ýyldyz baýdagy» diýen senany aýtdy. Şol sena şondan bäri onuň ady bilen baglanyşdyrylýar.
Ol: «Aýtsana, sen görüp bilýärsiňmi…» diýip ýokary tembr bilen aýdym aýdanda, hemmeler jenap Messmeriň geçiren on sagatlyk operasiýasynyň gowy netijeli bolandygyna şübhesiz göz ýetirdiler. Emma Ueýniň kalbynda näme bolandygyna düşünmek beýle bir aňsat däldi. Fiziki güýjüni dikeltmeklik meseläni çözmegiň diňe bir bölegi bolupdy. Ony ruhy taýdan hem dikeltmek gerekdi. Edil Korri ten Boom ýaly, Ueýn özüni atan adamlara bolan gahary we öýkesi bilen göreşmeli boldy. Emma Ueýn Isa bolan imanynyň kömegi bilen doly sagalmasynyň öz göwnüne degenleri bagyşlap bilmegine bagly bolandygyna göz ýetirdi.
Ueýn özüniň «Ýeňşiň sesi» atly kitabynda: «Özümi gurşap alan gahara garamazdan, şol ýetginjekleri bagyşlap biljekdigime ynanýardym. Dogada we oýlanmalarda köp wagt geçirenimden soň, men özümi şol waka daňyp goýan zynjyrlardan azat boldum» diýip ýazýar.
Ýetginjekleriň biri rehim edilmegini haýyş edendigi üçin azatlyga çykarylýar, ýöne ikinjisi, Jeýms Hempton türmede galýar. Özüni öldürjek bolan adamlary bagyşlandygyny özüne subut etjek bolup, Ueýn Illinoýs ştatynyň Geýlsberg şäherindäki türmä barmak üçin 225 mil ýoly geçýär. Ol baryp ýaş Hempton bilen duşuşmagy haýyş edýär. Eýýäm birnäçe ýyl geçipdi. Hempton hem indi ýetginjek däldi. Şeýle-de bolsa, Ueýn onuň bilen çyn ýürekden gyzyklanyp görmäge özünde güýç tapypdy. «Jeýms, men seniň ýagdaýlaryň nähilidigini bilmäge geldim».
Iki sagatlyk duýgurly gürrüňdeşlikden soň, Ueýn gitmekçi boldy. Elini uzadyp hem-de Hemptonuň engnine elini goýup, Ueýn öz söýgüsine şaýatlyk edýän sözleri aýdyp: «Jeýms, men saňa parahatçylyk teklip edýärin!» diýdi. Mesihiň çäksiz söýgüsi ýene-de özüni görkezdi.
Ýigrenç bilen gahar göwne deglende ýüze çykýan tebigy zatdyr. Ýöne Hudaý bize başgaça garamagy, ýagny bagyşlamalydygyny öwredýär. Isa haç üstünde şeýle diýip doga etdi: «Atam! Olaryň günälerini bagyşla, sebäbi näme edýänlerini özleri-de bilenok» (Luka 23:34). Bagyşlap bilme ukyby tebigy zat däl, ol adatdan ýokary zatdyr, ýagny Hudaýyň beren sylagydyr. Ueýn, ine, şuny hem gördi. Sizi nähili öýkeler gynaýar? Siz kimi bagyşlamaly?
Söýýän adamlar başgalara-da gulluk edýärler. Olar Isanyň Öz şägirtlerine aýdan zatlaryna diýseň çynlakaý garaýarlar. Isa şol sözleri şägirtlerini goýup, olaryň günäleri sebäpli Golgota gitmezden öň aýtdy. Isa on iki jübüt hapa aýagy ýuwandan soň, Özüniň iň ýakyn şägirtlerine: «Siz Maňa “Reb” we “Mugallym” diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men Şolduryn. Men Reb hem Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. Çünki siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim. Hakykatdan size dogrusyny aýdýaryn, gul agasyndan uly däldir, iberilen-de ony iberenden uly däldir. Bu zatlary bilýändigiňize görä, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz» (Ýahýa 13:13-17). Kwang uýamyz Hudaýyň bu buýrugyny hapa hytaý türmesinde ýerine ýetirdi.
Bu batyr mesihi zenan Hytaýa aýlanyp, öý ýygnanyşyklaryny döredip ýören hoş habarçylar toparyny döredendigi üçin türmä salynýar. Polisiýa işgärleri Kwangyň işleri barada bilenden soň, onuň on iki ýaşly ogluny ölüm halyna çenli ýençýärler. Emma ol şonda-da Mesihden el çekmän, azatlyga çykandan soň hem ýygnanyşyklary döredip, öz işini dowam etdirýär. Ahyrsoňy häkimiýet 1974-nji ýylda «Kwang enäni» (ony öz ýygnanyşygynyň agzalary şeýle atlandyrýardy) jezalandyrma kararyna geldi. Olar ony ömürlik tussaglyga hökum etdiler-de, ýeriň çuň aşagyndaky ýekebara kamerada oturtdylar. Iýmäge-de diňe hapa tüwi berýärdiler.
Bir gezek garawullar her gün tussaglaryň birini türmedäki hajathanalary arassalamaga çagyrmagy talap edýärler. Ilki başda aýallaryň hiç haýsysy-da munuň ýaly işe razy bolmaýar. Emma Kwang ene bir ädim öňe çykyp, bu agyr hem hapa işi etme wezipesini öz üstüne meýletin alýar. Ol muňa Mesihe boýun bolma hökmünde garady. Ylaýtada, şu ýol bilen beýleki aýallara öz ynamy hakda gürrüň berme mümkinçiligi döräpdi. Eger Kwang ene şeýle etmese, ol aýallar Mesih barada hiç haçan hem eşitmezdiler. Kwang ene türmede bolan wagty ýüzlerçe aýaly mesihilik ynamyna getirdi.
Isa: «Kim şu kiçileriň birine şägirtligi üçin içmäge diňe bir käse sowuk suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» (Matta 10:42) diýdi. Öz bähbidiňi gözlemezden gulluk etmeklik hem edil bagyşlap bilme ukyby ýaly, ýakynyňa bolan söýgüden döreýär. Kwang ene türmäniň hajathanalaryny arassalamaga çagyrylýar. Ol hem öz gullugy bilen örän köp türmedäki ýoldaşlaryny Halasgäre getirdi.
Siz Hudaýa nähili gulluk edýärsiňiz? Reb sizi kimi gowy görmeklige çagyrýar? Isanyň hatyrasyna kim «bir käse sowuk suwa» mätäç?
Gaýduwsyz söýgi. Bagyşlaýan söýgi. Hereketli söýgi. Mesihiň hemme zady ýeňýän söýgüsinde gaty köp dürli öwüşgini bardyr. Söýgi biziň «ynam gahrymanlary» diýip atlandyrýan adamlarymyzyň hemmesine adaty adamlaryň gaçýan ezýetlerini meýletinlik bilen kabul etmäge kömek edýär. Beýle adamlary özleriniň Rebden alan şertsiz söýgüsi pure-pür doldurýar. Şol söýgi olary özleriniň Rebbe bolan söýgüsini we wepalylygyny görkezmek üçin uzak ýollara ugramaga hem her dürli synaglara döz gelmäge ruhlandyrýar.
Resul Pawlusyň Filipidäki imanlylara ýazan hatynda gören görgülerini ýatlap, özüni berkidýän Mesih üçin hemme zady edip bilýändigini aýdanda, şu barada pikir eden bolmagy mümkin (Filipililer 4:13 seret). Mesihiň gurbanlyk bolan ölümi Pawlusy hemme synaglara döz gelmäge ruhlandyrdy, Mukaddes Ruh bolsa ony batyrlykdan doldurdy.
Mesihiň özümiz üçin eden zadyna we bize bolan güýçli söýgüsine akyl ýetirenimizde, Onuň eden ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap beresiň gelýär. Biz özümiziň şonuň ýaly hereket etmelidigimizi duýýarys. «Çünki Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär; çünki biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris. Ol ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi» (2 Korintoslylar 5:14-15).
Ine diýmän boýun synyp, öz maksatnamamyzy berjaý etmekden boýun gaçyrjak bolýandygymyzy duýan badymyza, saklanyp, Isanyň özümiz üçin eden zady barada pikirlenmegimiz gerekdir. Isanyň biziň üçin çeken külpetleri akla sygar ýaly zat däldir. Onuň eden zatlaryny ýadymyza salsak we oňa akyl ýetirsek, onda bu bizi ýolumyzy dowam etdirmeklige hem kynçylyklara garamazdan adamlary söýmeklige ruhlandyrýar.
Edil şunuň ýaly ýagdaý Riçard Wurmbrandyň durmuşynda bolup geçdi. Ol öz kysmatyna düşen synaglara nädip döz gelendigine düşünmek üçin ýüreginiň jümmüşine ser salmaga synanyşanda, jogap tapdy. Riçard öz çydamlylygynyň Halasgäre bolan çäksiz söýgüsinden ösüp çykandygyna göz ýetirdi. Ine, näme üçin ol özüniň «Mesih üçin azap çekenler» diýen kitabynda: «Eger siziň ýüregiňiz Isa Mesihiň söýgüsi bilen arassalanan bolsa, eger şol ýürek Ony söýýän bolsa, onda siz islendik hasraty-da çekip bilersiňiz. Gelin özüniň söýýän ýigidi üçin nämeleri etmez? Ene özüniň bagryndan önen söýgüli perzendi üçin nämeleri etmez? Eger siz Isany Ony dünýä inderip, ellerinde saklan Merýem ýaly söýseňiz, eger siz Isany gelniň öz ýigidini söýşi ýaly söýseňiz, onda siz ähli synaglaryň hötdesinden gelersiňiz. Hudaý size çeken jebirleriňiziň sany boýunça däl-de, söýüp bilşiňiz boýunça baha berýär. Kommunistik ýurtlaryň türmelerinde hasrat çeken mesihileriň Hudaýy we adamlary söýendigine men güwä geçýarin» diýen setirleri ýazyp bilipdir. Galatýalylara hatyň 5-nji babynda Ruhuň miwelerini sananda, resul Pawlusyň birinji ýerde söýgini goýýandygyna geň galyp oturasy zat ýok. Şol miweleriň hemmesinden-de söýgi has wajybrakdyr. Bu ynam gahrymanlarynyň häsiýeti babatynda-da hakykydyr: gelejege gönükdirilen nazar, Hudaýa bil baglama, Hudaýyň Sözüne bolan söýgi, batyrlyk, çydamlylyk, gulak asma we özüňe erk etmeklik adamyň Mesihiň söýgüsi bilen dolulygyndan we şol söýgi arkaly herekete gelýändiginden syzyp çykýandyr. Ruhuň gahrymanlarynyň durmuşyndaky Isa bolan haýran ediji söýgüsi — Isanyň özlerine bolan söýgüsine berlen jogapdyr. Şonda şol söýgi olaryň ýürekleriniň bir gyrasyndan dökülip, özüne garaşýan dünýäni doldurýar.
Siz adamlary öz Halasgäriňiziň hatyrasyna söýüp bilermisiňiz?
• Benito Akwino bilen Jon Harperiň taryhyna meňzeş wakalar biziň hemmämize ýaraýar. Olaryň söýgüsi bizi ruhy gahrymançylyga ruhlandyrýar we bize güýç berýär. Eger siz entek
• Ilki başda Hoş Habary ýaýratmak üçin janyňy berme pikiri birhili ýerliksiz ýaly bolup görünýär. Ilki bilen aşakdakylar hakda pikir etmäge synanyşyň: eden etmişine toba etmedik adamy ýa-da birine bilgeşleýin kast edeni bagyşlamaklyk hem özbaşyna bir «ölümi» aňladýar. Bu siziň özüňizi gorama hukugyňyzdan el çekmäge taýýardygyňyzy aňladýar. Bagyşlamakdan boýun gaçyrmak bilen siz kimi «türmede saklaýarsyňyz»? Siz näme üçin şol adama hat üsti bilen ýa-da telefonda: «Men sizi bagyşlaýaryn. Size şunça wagtlap gaharlanyp ýörendigim üçin siz hem meni bagyşlaýarsyňyzmy?» diýmeli dälmişiňiz?
• Korri ten Boom bilen Ueýn Messmeriň durmuşyndaky bolup geçen wakalarda söýgi ýamanlyk bilen jebirleri ýeňdi. Söýgi şeýle hem özlerine adalatsyz daraşylan adamlaryň ýüregindäki gazap bilen öýkäni-de ýeňdi. Emma bu bir günüň içinde bolmandy.
• Hudaý we haýsydyr bir adam babatda başdan geçirýän «mesihi däl» duýgularyňyzy boýun alyp, öz azatlygyňyza şatlanyň. Rebbiň öňünde garşysyna göreşýän şübheleriňizi açyň. Ondan öz ýüregiňizi üýtgetmegini haýyş ediň. Hemme zady şol ýürekde nämäniň gizlenip ýatandygyny boýun almakdan başlaň.
• Mesihiň söýgüsi bizi özümiz üçin däl-de, öz bähbidimizi aramazdan, başgalar üçin ýaşamaklyga ruhlandyrýar. Durmuşyňyzyň haysy ugurlarynda siz entegem özüňizi egoistik alyp barýarsyňyz? Bu häsiýetiňiz Hudaýyň öz üstüňize ýüklän işini ýerine ýetirmäge täsirini nähili ýetirýär (2 Korintoslylar 5 seret)?
• Ynam gahrymanynyň sekiz häsiýeti we şol häsiýetleri nädip görkezmelidigi hakda oýlanyň. Siz nähili pikir edýärsiňiz, Hudaýyň nukdaý-nazaryndan siziň ilki bilen haýsy häsiýetleriňize üns bermegiňiz zerur? Siz öz janyňyzy pida etmäge taýýarmy? Siz öz hukuklaryňyzdan we şikaýatlaryňyzdan el çekmäge ukyplymy? Özüňizde ynam gahrymanynyň häsiýetini terbiýelemek üçin siz haýsy ädimleri ätmekçi?