Rik Osborn
ÇAGALARY TERBIÝELEMEGIŇ MUKADDES KITAP SAPAKLARY
Mukaddes Kitapdaky oňat (we erbet) ata-eneleriň tejribeleri
Minnetdarlyk
Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly,
Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly,
bize tälim üçin ýazylandyr.
Adatça kitabyň ýüz tarapynda diňe bir ady görkezýärler, emma iş ýüzünde bolsa, kitaplaryň aglabasy başarjaň adamlaryň toparynyň güýçleriniň miwesi bolup durýandyr. Şu kitabyň üstünde özüm bilen bile hyzmat çekenleriň ählisine men minnetdardyryn. Ilki bilen şu atlary tutmak islärdim: Lora Mençýu. Ol ýöne biziň taslamamyza ynanyp, maňa goldaw bermän, eýsem gymmatbaha maslahatlary hem berdi, şeýle-de, bütin toparymyza ussatlyk bilen ýolbaşçylyk etdi. Öz öňümde duran meselä dogry düşünmegime beren goldawlary üçin men Lora çäksiz minnetdardyryn. Onuň şu kömegi bolmadyk bolsa, bu kitap asla peýda bolmazdy. Şeýle-de, men Stiw Hallideýe minnetdarlyk bildirýärin. Ol uly hyjuw bilen hyzmat edip, meniň tekstlerimi redaktirledi. Ullakan düşnüksiz jümleleri düşnükli sözlemlere öwürdi. Stiwiň dürli taraplaýyn başarjaklyklary maňa bahasyna ýetip bolmaýan kömek etdi. Özümiň minnetdarlyk bildirmek isleýän soňky adamym (kömeginiň manylygyna däl-de, tertip sanyna görä) — Maýkl Marrs, meniň kömekçim we özüm üçin Hudaýyň hakyky sylagy. Maýkl, kömegiň üçin saňa çäksiz minnetdarlygymy bildirmek isleýärin, çünki özümiň gazananlarymyň köp bölegi üçin saňa borçludyryn.
Giriş
Özüniň söýgüli Oglunyň ata-enesi wezipesine Hudaýyň näme üçin Merýem bilen Ýusuby saýlandygy hakynda oýlanypdyňyzmy? Olaryň diňe at-abraýly nesilden gelip çykýandyklary üçinmikä? Eger Isany terbiýelemek Ony terbiýeleýjileriň ata-ene başarjaňlygyna bagly bolmadyk bolsa, onda bu meseläni Hudaýyň
Bu ýerde siz üns berip bilersiňiz: «Emma biz
Isanyň tendäki Hudaý bolandygyna seretmezden, Ol ösüp ulalmalydy we adaty çaga kimin öwrenmelidi. Özüniň maksatnamasynyň beýikliginde, Ol şol wagtlardaky çagalary terbiýelemek düzgünleri boýunça Özüni terbiýelän adaty ata-eneleriň çagasydy. Biziň baş ruhanymyz bolup, Isa ähli zatda bize meňzeş bolmalydy. Galyberse-de, başgaça bolup bilermidi?
Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar.
Isanayň has adaty ýagdaýda terbiýelenmegi Hudaýyň erki bolandygy üçin, Oňa beýik ata-ene gerekdi, has takygy —Hudaýyň Sözündäki terbiýelemegiň düzgünlerine laýyklykda Isany terbiýeläp bilýän ata-ene gerekdi. Bu talaplary Hudaýyň mundan ençeme ýyl ozal Ybraýyma bildirendigini bilip, haýran galarsyňyzmy?
Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar. Dogruçyllyk hem adalatlyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin.
Ybraýym bilen Sarany Hudaý Özüne gulluk etmek üçin çagalary terbiýeläp bilýän är-aýal hökmünde saýlady. Hudaý olaryň Yshaga diňe bir dogry terbiýe bermän, eýsem özleriniň dogruçyl ata-eneleriň diri mysaly bolup bilmeklerini isledi. Olar özleriniň tejribelemek ukyplaryny Yshagyň üsti bilen agtyklaryna, onsoň bolsa Ybraýymyň nesli bolan bütin Ysraýyla geçirmelidiler: «…dogruçyllyk hem adalatlyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip…» (Gelip çykyş 18:19). Ine, şu ýerde iň gyzyklysy başlanýar: Ybraýym bilen Saranyň çagalaryny Öz ýoluna öwretmeklerini Hudaý talap etdi we «
Hudaý Ybraýyma anyk näme wada berdi? 18-nji aýada üns bereliň: «
Ahyrsoňunda bu wadanyň Isa we Onuň dogluşy, ölümi we ölülerden direlişi arkaly Hudaýyň amala aşyrmak islän niýetine degişlidigi düşnükli. Ybraýymyň nesli bolan Isada ähli halklar Hudaýyň bagyşlanmasyna we patasyna eýe bolup bilerler.
Hudaý Ybraýymyň öz çagalaryny Özüniň kada-kanunlaryna laýyklykda terbiýelemekligi talap edipdi. Emma bu talap nädip onuň nesliniň patalara eýe boljakdygy hakyndaky Onuň wadasy bilen baglanyşykly? Jogaby Merýem bilen Ýusupda gözlemeli. Ybraýym bilen Sara Hudaý tarapyndan berlen ata-ene terbiýe sapaklary nesilden nesle geçirdi. Bütin Köne Ähtiň dowamynda Hudaý Öz halkynyň çagalaryny Öz ýollaryny öwrenmeklige çagyrýar. Mukaddes Kitap hem ata-eneleriň Hudaýyň parzlaryna bolan wepalylyklary hakda bolşy ýaly, olara gulak asmazlyklary hakda mysallardan doludyr. Onuň sahypalarynda çagalary terbiýelemek sungaty hakda kän öwüt-ündewler tapyp bolýandyr.
Haçanda Merýem bilen Ýusubyň ata-ene terbiýesi bilen meşgullanmak nobaty gelende, Hudaýyň Sözi bireýýäm Isanyň ata-enesiniň Ony Hudaýyň erkine laýyklykda terbiýelemekleri üçin wajyp bolan düzgünleriň toparyndan doludy. Bu hakda resul Pawlus şeýle diýýär:
Ybraýym «Hudaýyň kömegi arkaly terbiýelemek» düzgünini özleşdirdi we ony öz nesillerine geçirdi. Netijede Isanyň terbiýesiniň dogrudanam «Kitap boýunça terbiýelenmek» bolmagy üçin toprak taýýarlanypdy, hut şunda-da Hudaýyň Ybraýyma beren wadasy ýerine ýetdi.
Merýem bilen Ýusubyň Hudaýyň kömegi bilen çagalary terbiýelemegiň syrlaryny öwrenendiklerine we olara berk eýerendiklerine syn etmek kyn däl. Olaryň öz bilimlerini iş ýüzünde nädip ulanandyklary hakda bize Injil gürrüň berýär — ähli bar bolan ýazylgy şaýatnamalar Hudaýyň Sözünde bar bolan terbiýelemegiň düzgünlerini olaryň ulanyp bilendiklerini görkezýär.
Merýemiň täsin çagany dogurjakdygyny Jebraýyl perişdäniň habar beren ýagdaýyny ýada salalyň. Ine, Merýemiň jogaby şeýle bolupdy:
Perişdäniň Merýem bilen bolan gürrüňinden biraz soňra Merýem garyndaşy bolan Elizabetanyň ýanyna gidýär. Elizabeta şol wagt göwreliligiň altynjy aýyndady (ol Ýahýa Suwa çümdüriji diýip ady alan çagany dogurmalydy). Merýem jaýa giren dessine, Mukaddes Ruh Elizabetany doldurdy we Merýemiň göwresindäki çaganyň Mesihdigini oňa aýan etdi. Merýem muňa jogap edip, Hudaýa alkyş aýtdy. Onuň alkyşlaýjy aýdymyň sözleri Hannanyň öz ogly Şamuweli ybadathanada Hudaýa bagyş edenindäki dileginiň sözlerine gabat gelýär (1 Şamuwel 2:1–10 seret).
Jogap hökmünde Merýemiň agzyndan çykan täsin alkyşlaýjy aýdymy we özüni Mesihiň enesiniň roluny ýetirmeklige Hudaý tarapyndan saýlanandygy baradaky duýdandyz habara bolan jogaby hökmündäki onuň pesgöwünliligi — bularyň bary ýürekden çykýardy. Bu ýürek üçin Hudaýyň Sözünde beýan edilen Hannanyň taryhy gaty ýakyn bolan bolsa gerek.
Çagalary terbiýelemek işi — bu Hudaýyň niýeti. Ol Gelip Çykyş kitabyndan Ylham kitabyna çenli bolan bütin Mukaddes Kitaby çagalara dogry gatnaşyk etmek mysallary bilen doldurdy. Bu mysallarda Ol Öz erkine laýyklykda terbiýelemegiň düzgünlerini öwretdi.
Merýem bilen Ýusubyň çagalary terbiýelemegi bilendiklerini göz öňünde tutup, Mukaddes Kitaby öwrenip, men Hudaýyň Sözünde bar bolan şu temanyň çuňlugyna haýran galdym. Alan bilimlerimi iş ýüzünde öwrenip başlan dessime, öz çagalarymyň durmuşlaryndaky täsin özgerilşikleri gördüm.
Ata-eneleriň çagalary dogry terbiýelemekleriniň mysallaryny Hudaý diňe bir Merýem bilen Ýusuba kömek hökmünde bermän, eýsem bu mysallar şu günki mesihi-ata-eneleri ruhlandyrmak üçin hem Mukaddes Kitapda öz orunlaryny tapdy. Merýem bilen Ýusup bize çagalary terbiýelemekde Hudaýyň düzgünlerine wepalylygyň beýik mysalyny we olary öz durmuşlarynda iş ýüzünde ulanmaklygy görkezdiler.
Şu gün biz Hudaýyň Ybraýyma beren wadalarynyň ýerine ýetişiniň şaýatlarydygymyzy ýatda saklamalydyrys. Emma nädip ähli halklaryň pata alýandygyny görmek üçin, iman çyrasyny nesilden nesle geçirmek wajypdyr. Iru-giç biziň ählimiz ölýändiris we ähli halklara Hoş Habary ýetirmegi üçin indiki nesil bu çyrany söndürmän götermegini dowam etdirmelidir.
Merýem bilen Ýusup kesgitli wagtda kesgitli ýerde tötänlikden bolmadylar. Hudaý olary saýlady we olary beýik, adam aňyny haýran galdyrýan işi ýerine ýetirmeklerine taýýarlady. Bu iş — Hudaýyň çagalaryny terbiýelemek borjy — ýerine ýetirilmek üçin bize berlendir.
Biz hem Hannanyň mysalyndan öwrenmelidiris.
Hudaý Özüniň saýlanan çagalaryny terbiýelemäge bizi borçly edendigi üçin, bizden Onuň wepaly we dogruçyl hyzmatkärlerine mahsus bolan pikirleniş talap edýändir. Mesihi terbiýe — hormatly çakylykdyr. Biz aň-düşünjelilik bilen Merýemiň mysalyna eýermeklige çagyrylandyrys we bar güýjümizi aýaman, Hudaýyň kömegi bilen çagalary dogry terbiýelemegiň düzgünlerini bilmäge çagyrylandyrys.
Men bu kitaby mesihi ata-enelere çagalary terbiýelemegiň Hudaýa ýaraýan düzgünlerini ýerine ýetirmek islegi bilen ýazdym. Hudaýyň Sözüniň sahypalaryndaky diri we kömek ediji maslahatlardan peýdalanmak üçin, Hudaýyň kömegi bilen Mukaddes Kitaba syýahat etmek islegi maňa ýolbaşçylyk etdi.
Okamaga girişmeziňizden ozal men şuny bellemek isleýärin: bir tarapdan, siz Hudaýyň çagalary terbiýelemek hakyndaky niýetini bilmek maksady bilen şu kitaby başyndan soňuna çenli özüňiz üçin peýdaly bolar ýaly okap bilersiňiz. Beýleki tarapdan, siz ony iş ýüzünde ulanmak üçin gollanma hökmünde ulanyp bilersiňiz. Her bir bap aýratyn tema bagyşlanan, şeýlelikde, siz özüňiz üçin has gyzykly bolanyny saýlap bilersiňiz.
Men Hudaýyň size Öz Sözüni açmagy we Onuň ata-enelere bolan maslahatlarynyň öz durmuşym üçin bolşy ýaly, siziň hem bütin maşgalaňyz üçin merhemetiň çeşmesi bolmagyny dileg edýärin.
BIRINJI BÖLÜM
Köne Äht:
Merýem we Ýusup üçin çagalary terbiýelemek boýunça okuw kitaby
1-nji bap
Üçünji Hossar:
Ine, Erem bagynda Hudaýyň barlygyndaky durmuşyň täsin suratyny beýan edýän Gelip Çykyş kitabynyň birnäçe jümlesi:
Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Reb Hudaýyň sesini eşidip…
Ilkinji ata-ene bolan Adam ata bilen How ene özleriniň günä batmazlaryndan ozal jennet bagynda Hudaýyň Özi bilen gezýärdiler. Gynansak-da, olaryň ilkinji çagalary bolan Kabyl bilen Habyl Erem bagyndan daşda doguldylar. Özleriniň ata-eneleriniň günä batmazlaryndan ozal Hudaý duýgy we fiziki taýdan birleşigi duýmak olara miýesser etmedi. Adam ata bilen How enä çagalaryny Hudaýyň barlygynda terbiýelemek şatlygyny bilmek miýesser etmedi.
Ilkibaşda Hudaý çagalaryň Özünden daşda ulalmaklaryny kesgitlemändi. Ol her bir çaganyň Özüniň çäksiz söýgüsinde we barlygynda ulalmagyny isläpdi. Ýöne günä batmaklyk ähli çagalary Hudaýyň söýgüsinden edil «üçünji Hossar» kimin daşlaşdyrdy. Emma diňe biri muňa degişli däldir. Isa bu dünýä günäsiz geldi we Onuň gurbanlygy zerarly her bir çaga Hudaýyň bagyşlamasyna eýe bolup, özüniň söýgüli Göklerdäki Atasy bilen ýakyn gatnaşyklara girip bilýändir.
Ýygnagyň agzalary bolan biz Mesihiň Tenini emele getirip, gymmatbaha artykmaçlyga eýediris. Bu artykmaçlyk — öz çagalarymyzy Mesihe getirip, olary Hudaýyň barlygyndan, söýgüsinden, aladasyndan we biliminden doly bolan ýagdaýynda terbiýelemeklikdir. Biz hepdede ýedi günläp, günde ýigrimi dört sagatlap çagalarymyz bilen bolup bilýän däldiris, emma Hudaý başarýandyr. Biz olaryň näme duýýandyklaryny hemişe bilýän däldiris, olaryň näme üçin aladalanýandyklaryna düşünip bilmeýändiris, emma Hudaý hemişe bar zady bilýändir.
Ençeme gezek men öz çagalarymyň haýsydyr biri hakda howsalanmaly boldum (köplenç çynlakaý esas bolmanynda) we şeýle ýagdaýlarda diňe dilegde teselli tapyp bildim. Dileg maňa üçünji Hossaryň hemişe öz ýanymyzdadygyny ýadyma salmaga kömek etdi. Hawa, biziň öz çagalarymyz hakynda dileg etmegimiz Hudaýa ýaraýandyr we çagalarymyzy Onuň özümizden hem güýçli söýýändigine ynamly bolup, biz batyrgaýlyk bilen Onuň ýanyna gelip bilýändiris. Ol hemişe biziň çagalarymyzy terbiýelemek bilen meşgullanýandyr. Onuň söýgüli gözleri hemişe olara ugrukdyrylandyr, elleri bolsa olaryň kelleleriniň üstündedir.
Emma Hudaý Özüniň barlygynda ulalýan çagalarymyza diňe bir bolelin pata bermän, eýsem olaryň terbiýesi meselesine hem gatnaşýandyr. Ol hemişe biziň ýanymyzdadyr, hemişe bize ýolbaşçylyk edip, nädip çagalarymyzy dogry terbiýelemelidigimizi bize öwredýändir. Oňa näçe kän ynandygymyzça, şonça-da biziň durmuş üstünliklerimiz kän bolýandyr.
Özümiň ata hökmündäki on sekiz ýyllyk tejribäme göz aýlap, men Hudaýa Onuň täsin kömegi üçin minnetdarlyk bildirmän bilmeýärin. Men özümiň kiçijik gyzymyň dogry ýoldan çykandygyny we entek onuň durmuşynda ýamanyň endik bolup ýetişmänkä, nädip ony dogry ýola salmalydygymy Hudaýyň özüme aýan edendigini ýadyma salýaryn. Men oglumyň: «Näme üçin men Hudaýy görüp bilmeýärin? Näme üçin Ol bizden gizlenýär?» diýip, bilesigelijilik bilen beren soraglaryny ýadyma salýaryn. Entek onuň ýanynda durup dileg edýärkäm, maňa hem oglumy, hem-de özümiň ynamymy berkiden «şol» gerekli jogap gelipdi. Ýa-da öz çagalarymy öwretmeli ýa-da terbiýelemeli ýagdaýlarym ýadyma düşýär. Şonda Hudaý maňa şeýle kömek etdi welin, çagalarym meni diňläp, dogry hereket etmegi öwrendiler. Şeýle-de, men Hudaýyň özüme kän ýalňyşlyklary görkezip, olary düzetmegime kömek eden ýagdaýlaryny ýadyma salýaryn.
Hudaý sizi söýýär we siziň kämil ata-ene bolmagyňyza mejbur etmeýär. Emma Ol siziň Özüne edil «üçünji Hossara» bolşy kimin bil baglamagyňyzy isleýändir. Ýogsa-da, eger anyk aýtsak, Ol aslynda, ILKINJI Hossar, çünki Ol biziň çagalarymyzy we olaryň bütin geljeklerini entek olaryň ilkinji demini almankalarynda bilýärdi (Zebur 139:16 seret). Eger biz howlukmaç hereketlerden saklanyp, temmi bermäge ýüz urman we wajyp kararlary islän wagtymyzda isleýşimiz ýaly kabul etmekden saklanyp, pesgöwünlilik bilen Hudaýdan akyldarlyk we kömek dileýän bolsak, onda biz Ony Onuň kanuny orny bolan ILKINJI Hossar ornunda tutýandyrys.
Özüňizi Erem bagynda, ýagny hemişe ýanyňyzda bolup, islendik wagt size maslahat, goldaw we kömek bermäge taýyn bolan Hudaýyň barlygynda göz öňüne getiriň. Adam ata bilen How ene bar zada öz güýçleri bilen ýetip bilýändikleri hakyndaky şeýtanyň ýalanyna ynandylar. Olardan tapawutlylykda, biz Hudaýyň özümizi we çagalarymyzy şeýle bir güýçli söýýändigine ynanmalydyrys. Şeýle söýgüsi zerarly Onuň akyldarlygy we kömegi hiç haçan hem tükenýän däldir. Şonuň üçin-de, geliň, akyldarlyk bermegi hakynda Hudaýa dileg edeliň. Ol ony hiç bir gep-gürrüňsiz bolelin bermegi wada beripdi (Ýakup 1:5 seret).
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Siz, elbetde, «ýedi gezek ölçe, bir gezek gyrk» diýen nakyly eşidensiňiz. Ony başgaça edip, şeýle diýip bolar: «Çagaňy terbiýelemegiňden ozal, hyjuw bilen dileg et». Hut şu-da özüňde Hudaýda kömegi agtaryp, oňa eýe bolmaklyk gylygyny döretmekligiň has dogry ýoludyr. Kyn ýagdaýlarda haýallyk etmän öz ünsüňizi we pikirleriňizi Hudaýa gönükdiriň we Ondan akyldarlyk we kömek diläň. Siziň Hudaýa dileg bilen ýüzlenendigiňiz baradaky pikiriň özi size teselli berer we siziň oýlanmalaryňyzy gerekli ugra ugrukdyrar. Ýöne edil beýleki islendik gylyklar bilen bolşy ýaly, bu gylygy hem berkitmek üçin wagt talap edilýändir. Şonuň üçin hem sabyrly boluň, çünki munuň üçin gaýrat gerek bolar. Belki-de, size şeýle şygar ýaraýandyr: «Bir dileg — ata-ene üçin mugt maslahat».
2-nji bap
Adam atanyň maşgalasy:
Şu bapda biz How enäniň alan we bize-de köp zatlary öwredip biljek wajyp sapaga seredip geçeris. Emma ilki bilen men biraz öňe gidip, Musa we onuň ejesi hakda gürrüň etmek isleýärin.
Resullaryň işleri kitabynda (7:20) şeýle diýilýär, ýagny Musanyň eseji ony ganhor müsürlilerden gizläpdi, çünki «Hudaý ony eý görýärdi». Nähilidir bir ýol bilen Hudaý bu aýala şu çaganyň ykbalynyň adaty däl, aýratyn boljakdygyny aýan edipdir. Görnüşi ýaly, haçanda özi üçin öňünden kesgitlenen ýola gadam basmaly wagty gelende, özüniň aýratyn iş üçin kesgitlenengini bilmekligi Musa güýç beren ýalydy (Ýewreýler 11:24–25).
Indi bolsa, ýokarda aýdylanlary hasaba alyp, yza, How enä dolanalyň. Gelip çykyş kitabynyň 4-nji baby çaganyň dogulmagy baradaky habar bilen başlap, hut şu habar bilen hem gutarýar. Galyberse-de, bu iki ýagdaýda hem How enäniň düşündirişi bar. Babyň başynda Kabylyň dogluşy hakynda gürrüň berilýär.
Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.
Bap Şisiň dogulmagy bilen tamamlanýar.
Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy. Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbiň adyna ybadat edip başladylar.
Şu ýerde How enäniň aýdan iki jümlesiniň arasyndaky gapma-garşylyk göze ilýär. Onuň aýdan birinji jümlesi oňat ýaly eşidilmegi mümkin, ýöne
Ýöne How enäniň sözleri kän oňat däl ýaly seredilip bilner, mysal üçin, şeýle: «Men Hudaý bilen deňlikde adam ýaratdym» (s. 196). Şu babatda onuň sözleri edil Hudaý ýaly How enäniň hem adam ýaradandygy bilen öwünýändigine meňzeýär.
How enäniň sözleriniň şeýle düşündirilişini onuň Şisiň doglanyndan soň aýdan beýleki sözleri astynda has hem esaslandyrylan diýip, düşündiriji hasaplaýar. Kabyly dogrup, How ene: «dünýä inderdim» diýýär, Şisi dogranyndan soň bolsa, ol: «Hudaý maňa ogul berdi» diýýär. Kabyl hakda gürrüň edip, How ene «adam» sözüni ulanýar, emma Şis hakynda bolsa — «nesil» sözüni ulanýar[1]. Hut şu «nesil» sözi Gelip çykyş 3:15-de ulanylandyr. Ol ýerde Hudaý How enäniň nesliniň ýylanyň kellesini owratjakdygy barada aýdylýar (bu ýerde Mesihiň ýere gelmegi hakynda pygamberlik aýdylandyr). Bu ýagdaý — How enäniň agzyndan çykan «nesil» (ogul) sözi bilen «Hudaý maňa berdi» diýen jümlesiniň birleşmesi — ahyrsoňy How enäniň öz çagalarynyň geljegi hakyndaky Hudaýyň niýetini kabul edendigini anyk görkezýär.
Kabyl bilen Şisiň dogulmagyny bölýän uzak wagtlaryň içinde How ene näme öwrendikä? Iň çuňňur we şol bir wagtyň özünde has ýönekeý bolan sapak şundan durýandyr: çagalarymyzy Hudaýyň özümiziň terbiýelemegimize ynanandygyna seretmezden,
Musanyň ejesi ony ölümden gizläpdi, çünki öz ogluny «Hudaýyň eý görýändigini» bilipdi, bu çaga üçin Hudaýyň Öz niýeti bardy. Musanyň durmuşy bilen tanyş bolanymyzda, edil Hudaý Musany eý görüp, beýleki çagalary bolsa eý görmändigi ýaly bolup görünýändigi gaty geň. Emma Hudaý üçin eý görülýän we eý görülmeýän ýa-da maksada eýe bolmadyk çagalar ýokdur. Ýöne Hudaý biziň her birimiz babatda özüniň niýetini amala aşyrmagy üçin we Musanyň ejesini öz çagasynyň beýleki ähli çagalardan neneň tapawutlanýandygyny görkezmegi üçin bu gezek Öz kada-kanunyndan çykdy. Emma bu ýerden beýleki çagalaryň Hudaý tarapyndan eý görülmeýändigi gelip çykýan däldir. Ine, bu hakda Dawut näme diýipdi:
Çünki Sen meniň içimi ýaratdyň, ejemiň göwresinde Sen meni emele getirdiň. Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär. Gizlin ýerde ýaradylan mahalym, dünýäniň çuň ýerlerinde emele gelen mahalym süňklerim Senden gizlin däldi. Düwünçekkäm gözleriň meni gördi; entek olaryň hiç biri ýokka meniň üçin bellenen bütin günler kitabyňda ýazylgydy. Pikirleriň meniň üçin nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp!
Biziň her birimiz babatda Hudaýyň aýratyn niýetiniň bardygyna Dawut ynanýardy. Onuň bu niýeti söýgä we şahsy öňden kesgitlemä esaslanandyr. Ol biziň her birimiz üçin täsin ykbaly we täsin işi öňünden taýýarlady.
Eger biz bu hakykaty özleşdirsek, onda öz çagalarymyza şatlyk bilen olaryň täsindiklerini, Hudaýda tötänligiň bolmaýandygyny we Onuň Özi üçin «eý görýänlerini» ýaratmaýandygyny aýdyp bileris. Şeýle-de, çagalarymyza olaryň «aýratyn» ýaradylandyklaryny we öz öňlerinde Hudaýyň goýan kesgitli maksatlary bilen dünýä inendikleri hakda aýdyp bileris.
Biziň köplerimiziň kellämize: «Näme üçin men şu ýerde?» diýen sorag gelýär. Çagalarymyza olaryň dünýäde Hudaýyň söýgüsi zerarly we Onuň akylly niýetine laýyklykda ýaşaýandyklary hakynda düşünje bermek bilen, biz özümiziň esasy ata-ene işimizi ýerine ýetirýändiris — çagalarymyzy Ýaradyja getirýäris we ahyrky netijede Biribaryň şöhratyny köpeldip, olary Hudaýyň ýoluna ugrukdyrýandyrys.
Çagalarymyza özlerini Hudaýyň ýaradandygyny we her bir adam üçin özüniň aýratyn durmuş ýoluny hut Onuň belländigini aýtmak bilen, biz olaryň Biribar bilen gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle-de, synag döwürlerinde olaryň Hudaýyň ýolunda durup bilmeklerine kömek edýändiris.
Şisiň doglanyndan soň (we mälim bolşy ýaly, How enäniň öz düşünjelerine täzeden syn edeninden soň) dessine:
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Eger biz öz ogullaryny Hudaýyň niýeti bilen kesgitli bir maksada laýyklykda ýaradylanlar diýip yglan eden How ene bilen Musanyň ejesiniň mysalyna eýerip, çagalarymyzy terbiýelemek isleýän bolsak we bu hakda öz çagalarymyza aýdýan bolsak, onda bu habar olaryň ýüreklerinde berk ornaşar. Bir ene maňa öz ogly bilen gürrüňdeşligi adatça: «Hudaýyň özüň üçin taýýarlanlaryny görmäge sabyr edip bilmeýärin!» diýen sözler bilen goldaýandygyny aýtdy. Käbir ata-eneler öz çagalarynyň günde özleriniň maksatnamalaryny Hudaýyň tizräk açyp görkezmegi üçin dileg etmeklerini goldaýarlar. Emma ony bilmegiň ýeke-täk usuly — bu hemişe we hemme zatda Hudaýyň erkine eýermeklikdir. Biziň her birimiziň öz maksatnamamyzyň bardygyny çagalar özleşdirmelidirler. Öz öňümizde Hudaýyň goýan maksadyna biz diňe hemişe Oňa goldaw üçin ýüz tutup, «Onuň adyny gaçyrmaklyk» bilen ýetip bilýändiris.
3-nji bap
«Nuh we ogullary» gämi gurujy topar:
Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz gez bolsun.
Biziň hemmämiz hem Nuh we onuň gämisiniň taryhyny bilýäris. Emma bu maşgalanyň taryhynda hemişe meniň ünsümi çeken bir aýratynlyk bar. Haçanda Hudaý Nuhy gämi gurmaga çagyranda, ol bu işe özüniň bütin maşgalasyny goşdy: aýalyny (zenan Nuhy diýip, meniň gyzlarymyň biri aýdypdy), üç ogluny we üç gelnini. Olaryň bary deň derejede gurluşyga we oňa suw girmezligini üpjün etmäge gatnaşypdylar.
Huh baryp 500 ýaşynda ata bolupdy we Hudaýyň ony gämi gurmaga çagyranyna çenli ýene birnäçe wagt geçipdi. Haçanda Nuh 600 ýaşyna ýetende, ullakan gämi özüniň ilkinji we iň soňky ýüzüşine başlapdy. Şeýlelikde, Nuhuň ogullary öz durmuşlarynyň köp bölegini atalaryna Hudaýyň tabşyran taslamasyny amala aşyrmaklyga bagyşladylar.
Meniň pikirimçe, Nuhuň ogullarynyň doglan seneleri gaty aýdyňdyr. Eger Nuhuň ähli ata-babalary 65–187 ýaşlarynda ata-ene bolan bolsalar, onda Nuhuň ogullary haçanda ol bäş ýüzýyllyk ýubileýini bellände, ýagny gämi gurmaklyga öwrenmeli wagt geleninde dogulýarlar.
Nuhuň üç ogluna we olaryň aýallaryna tupandan soň bütin ýer ýüzüni adamlardan doldurmak tabşyrylypdy. Munuň üçin olar özleriniň önüp-ösen bihaýa dünýäden çagalaryny gorap bilerleri ýaly, olar çagalary dogry terbiýelemegiň kanunlaryny bilmeklige mätäçdiler. Nädip Hudaý Nuhuň şu ugurda gitmegine kömek etmegi meýilleşdirýärdi? Onuň niýeti nähilidi? Bu niýetiň bir bölegi, iň azyndan, şu düzgün bolmalydy: «Eger bütin maşgala gämi gursa, onda bütin maşgala Hudaýa ýakyn bolýandyr».
Entek meniň çagalaryň kiçikäler, men «Aýdym aýdýan Mukaddes Kitap» atly taslama oýlap tapdym — bu mukaddes taryhyň esasy wakalary bilen tanyşdyrýan Mukaddes Kitabyň gürrüňlerinden ybarat bolan audiokitapdy. Gämi bolmansoň, men çagalarymy bu taslama goşdum. Olar ýeke aýdym aýdýardylar, çagalar horunda aýdýardylar, söhbetdeşlikleri ýazmaga gatnaşýardylar we hatda sahna gurmak hakynda öz tekliplerini aýdýardylar.
Umumy işe gatnaşmak bilen, çagalar diňe bir mukaddes wakalar hakda bilim alyp, olar hakda dogry düşünjä eýe bolman, eýsem Hudaýa boýun bolmaga, Onuň Patyşalygy üçin hyzmat etmäge öwrendiler. Şu gün bolsa meniň çagalarym şol döwri edil şatlykly açyşlaryň täsin döwri hökmünde ýatlaýarlar.
Hudaýyň çakylygynyň Nuha ýollanandygyna seretmezden, elbetde, Hudaý onuň bütin maşgalasyny hyzmatda görmek isleýärdi. Nuha gämi gurmak boýunça düzgünleri bermek bilen, Nuhuň bu işini Hudaýyň çagalary Özüne boýun bolmaklykda terbiýelemek bilen sazlaşdyrýandygy gaty täsindir.
Soňabaka «
Birnäçe ýyldan soň Ýeşuwa bütin ysraýyl halkynyň alnyndan durup, özüni we öz maşgalasyny Hudaýa bagyş edýändigini yglan edipdi:
Täze Ähtde Pawlus bilen Silasy goraýan türmeçiniň nädip Hudaýyň güýji bilen türmäniň gapylarynyň açylandygyny görüp: «Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýip soran waka beýan edilýär. Türmeçi garaşanyndan hem giň jogap aldy:
Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler. Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar. Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen suwa çümdürildi. Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy.
Türmeçi özi hakda sorady, jogap bolsa onuň özüne we bütin maşgalasyna degişli boldy. Şonuň üçin hem ol Pawlusy we Silasy öý öýüne äkiden bolsa gerek, görnüşi ýaly, bolan waka hakda öz maşgalasyna gürrüň berendir, onsoň bolsa hemmeleri oturdyp, resullara gulak asmaklygy buýrandyr. Şondan soň dessine bütin maşgala suwa çümdürilýär.
Biziň günlerimizde maşgalalaryň agzalary öz işleri bilen şeýle bir meşguldyrlar welin, hatda olaryň bir-birleri bilen gymmatbaha gürrüňdeşlikleri we bilelikdäki işleri üçin wagtlary-da galmaýar. Beýleki tarapdan, wagtal-wagtal bilelikde saçak başynda ýygnanyşýan maşgalalar özleriniň ruhy ösüşlerinde şu däbiň bolmadyk maşgalalaryndan öňe gidýändiklerini barlaglar görkezdi. Maşgalanyň bilelikdäki işleri aragatnaşyklary berkidýär we netijede ata-eneleriň çagalaryna bolan täsiri güýçlenýär.
«Bilelikde gämi gurmaklyk» diýilýäni ýa-da bütin maşgalaň bilen Hudaýa hyzmat etmekligiň beýleki usullary diňe bir ata-eneler bilen çagalaryň aragatnaşyklaryny berkitmän, eýsem çagalaryň ynamda ösmeklerine hem gaty peýdaly täsir edýändir.
Hudaý bireýýäm siziň maşgalaňyzy hem Öz taslamasyna goşmaklygyň usulyny bireýýäm kesgitlän bolsa gerek.
Hawa, Hudaý biziň her birimiz üçin aýratyn maksatnama taýýarlady, Onda Nuh, Ybraýym, Ýeşuwa we türmeçi üçin niýeti bardy. Emma şol bir wagtyň özünde Hudaý maşgalany döretdi, şonuň üçin hem Onuň maşgalanyň her bir aýry agzasy babatdaky niýetleri edil jemgyýet hökmünde bütin maşgalanyň niýetleri bilen birigýändir. Netijede
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Eger siz haýsydyr bir ýygnak hyzmatyna gatnaşýan bolsaňyz, bu hyzmata bütin maşgalaňyz bilen gatnaşmaklyk mümkinçiligini gözläň. Öz öýüňizde Mukaddes Kitap sapaklaryny geçirmekligi, çagalar üçin tomus programmalaryny ara alyp maslahatlaşmagy ýa-da ýygnak tarapyndan gurnalýan dürli baýramçylyklary geçirmekligi teklip ediň. Garyp ýurtlaryň birinden bir çagany öz eklenjiňize alsaňyz ýa-da bütin maşgalaňyz bilen haýyr-sahabat taslamasyna gatnaşsaňyz nähili bolar?
4-nji bap
Biziň imanymyzyň atasy we enesi:
Hudaýyň adamzada aýdan ilkinji sözleriniň olara ata-ene borçnamalaryny ýerine ýetirmek şatlygyny wada berendigi maňa gaty ýaraýar:
Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.
Hudaýyň çagalar hakynda ýöne söz aýtmandygyny belläp geçeliň — Ol ata-ene işini ýük däl-de, eýsem pata etmegi wada berdi:
Ýaňy-ýakynda maňa çaga edinmegi islemeýän bir är-aýal hakda gürrüň berdiler. Çünki, olaryň özleriniň boýun alyşlaryna görä, olar özleriniň azatlyklaryny gaty eý görýärler we kimdir biri hakda alada ederleri ýaly olar gaty özlerini söýüji ekenler. Bu är-aýalyň öz ýetmezçiliklerine tankytlaýjy baha berişlerine bolan haýran galmama seretmezden, şonda-da, olar hetdenaşa çemeleşýän bolsalar gerek. Çagalaryň dogulmagy we olary Hudaýyň erkine laýyklykda terbiýelemek — ýük däl-de, sylag we Hudaýyň patasydyr. Eger-de bu är-aýallar hiç bolmanda görleriniň bir gyrasy bilen özleriniň geljekdäki ata-eneler hökmündäki patalaryny görüp bilsediler, onda olar öz durmuşlaryny şeýle doly edip bilmeklik mümkinçiligini asla elden sypdyrmazdylar. Şunuň bilen birlikde, çagalary terbiýelemek — bu gaty uly jogapkärlikdir; islendik pata hemişe jogapkärlik bilen gelýändir. Uly möçberdäki pula eýe bolmak — gaty jogapkärli işdir, emma kim özüniň egoizmi üçin million dollardan boýun towlar?
Ybraýym we Sara özleriniň egoizmleriniň özleri bilen Hudaýyň patalarynyň arasynda durmagyna ýol bermediler. Meniň pikirimçe, çaga üçin Hudaýyň beren Yshak («gülki» diýmegi aňladýar) adynyň özi bu çaganyň Ybraýym bilen Sara pata boljakdygynyň nyşany bolmaga niýetlenendi. Bu soraga aýdyňlygy girizmäge synanyşalyň.
Özlerine Hudaýyň ogul wada berýändigini eşidip, Ybraýym bilen Sara güldüler. Birinjiden, bu habar olary güldürdi, çünki olaryň ikisi-de bireýýäm öndümlilik ýaşyndan geçipdiler. Sara bolsa wada berleniň asla mümkindigine şübhelenendigi üçin hem gülüpdi. Emma ýene bir sebäp bardy… Eger-de size dynç alyş syýahatyna mugt gidip gelmegi teklip eden bolsalar, siz näme diýerdiňiz? «Goýsaňyzlaň! Bu hakykat bolary ýaly gaty oňat!» diýen sözler bilen gülersiňiz, şeýle dälmi? Ybraýym bilen Sara ogul hakda şeýle bir arzuw edipdiler welin, hatda öz bagtlaryna dessine ynanyp hem bilmediler.
Haçanda ençeme wagt mundan ozal Hudaý Ybraýymy asman ýyldyzlary ýaly köp sanly nesliň atasy etjekdigi hakynda wada berende,
Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam bir, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.
Bu näme — imansyzlykmy? Resul Pawlus beýle hasap etmändi:
Ol «Seniň nesliň şeýle bolar» diýip aýdylyşyna görä, umytsyzlykda umyt bilen iman edip, köp milletleriň atasy boldy. Ol imanynda gowşaman, tas ýüz ýaşynda bolsa-da, bedeni ölüdir, Saranyň ýatgysy ölüdir öýtmedi. Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi. Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy.
Eşiden täzeligi üçin Saranyň jogabynyň Ybraýymyň jogabyndan tapawutly bolany üçin, Sara Ybraýym ýaly öwgüli sözleri eşitmändigi Mukaddes Kitapda görnüp dur:
Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.
Emma haçanda wada ýerine ýetende, ine, Saranyň jogaby nähili boldy:
Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady. Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülüşer»… diýdi.
Hudaý Saranyň ynamsyz gülküsini şatlyk gülküsine öwürdi!
Ybraýym bilen Sara üçin Yshagyň dogulmagy tebigatdan daşary we täsin wakady. Bütin Mukaddes Kitap gürrüňleriniň dowamynda çagalar edil Hudaýyň ata-enelere beren patasy hökmünde görkezilýär.
Ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr.
Mukaddes Kitapda özlerine Hudaýyň çaga berendigi üçin Oňa edilen dileglere we minnetdarlyk aýdymlaryna baýdyr, mysal üçin, Saranyň, Hannanyň we Merýemiň Hudaýa eden dilegleri. Merýem bolsa hut Mukaddes Kitabyň sahypalaryndan çagalaryň täsin sylagdyklaryny bilipdi.
Merýem şeýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär, Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar.
«A» diýeniňden soň «B» hem diýmeli. Käwagtlar terbiýe gaty agyr ýük bolup bilýändir. Çünki çagalar köp zatlara — hemişelik alada, okadylmaga, tertip-düzgüne mätäçdirler we bu işleriň baryny ýerine ýetirmäge biziň hiç birimiz hem kämil bolup başlaýan däldiris. Şonuň üçin hem käwagtlar biz bu sylagy — öz çagalarymyzy diňe pata hökmünde däl-de, başga ähli zat hökmünde kabul edýändiris. Bir gezek men bir enäniň özüniň ýetginjek ýaşly ogluna şeýle diýenini eşitdim (elbetde, ol degişme edip aýtdy): «Seresap bol! Men seni bu dünýä inderdim we men hem seni yzyňa iberip bilerin!» Ine, käwagtlar biz öz çagalarymyza şeýle gatnaşyk edýäris, dogry dälmi?
Gynansak-da, biziň betbagtçylyklarymyz bir gün ýa-da bir pursat bilen çäklenýän däldir. Köp ata-eneler terbiýäniň agyr ýükdügine berk ynamlydyrlar, ähli çagalar diýen ýaly pitneçiler we garagollar, ýetginjekler we ulular öz aralarynda parahat ýaşamaga ukyply däldirler, doganlar we uýalar bolsa mümkinçilik bolan wagty bir-birlerini öldürmäge taýyndyrlar. Men ata-eneleriň öz çagalarynyň gulak asmazakdyklary, kömek etmeýändikleri, özlerine biperwaýdyklary, umuman durmuşda uly kynçylyklary döredýändikleri hakynda şikaýat edýändiklerini eşitdim. Şeýle pikir bilen ylalaşyp, biz kömek we kynçylyklaryň çözülmegi üçin Hudaýa ýüz tutmaklygyň, haçanda Ol biziň çagalarymyzyň özümiz üçin patalardyklaryny aýdanynda, Oňa ynanmaklygyň deregine, öz talaplarymyzy peseldip, şoňa laýyk ýaşamaga öwrenişýändiris.
Eger Hudaý size çaga sowgat eden bolsa we olary pata diýip atlandyran bolsa, diýmek, olary öz pataňyz diýip hasaplaryňyz ýaly, Ol bireýýäm baryny taýýarlady.
Hudaýyň öz çagalarymyz hakyndaky sözlerine ynanmak bilen, biz talaplary ýokary galdyrýandyrys we jedelleriň çözülmeginiň ýollaryny, gatnaşyklaryň dikelmegini we terbiýelemegiň Hudaýyň usullaryny ulanmaklygy agtaryp başlaýandyrys. Netijede bolsa, biz öz öýümize parahatlygyň dolanýandygyny görýändiris.
Eger siz lapykeçlikde bolsaňyz, eger siz özüňiziň ata-ene hökmündäki mümkinçilikleriňiziň soňuna ýetip, çyngynsyz ýagdaýda galan bolsaňyz, onda saklanyň we Hudaýa dileg ediň. Oňa öz kynçylyklaryňyz hakda gürrüň beriň we Ondan kömek, akyldarlyk we parasatly çözgüdi soraň. Ondan öz öýüňize parahatlygy dolandyryp, çagalaryňyza pata bermegini diläň. Şondan soň özüňizi eşidip, size kömek edýändigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň (muny günde ediň). Eger siz şu kitaby okap, Hudaýyň Sözünde beýan edilen usullary öz durmuşyňyzda ulanmaklygy öwrenseňiz, onda Hudaý siziň maşgalaňyzyň oňatlygy üçin işläp başlajak hakykatlary size açar.
Ýagdaýyň çaltlyk bilen düzelmegine umyt etmäň, emma ata-ene işiniň sylag we patadygyny ýadyňyzda saklap, Hudaýyň Sözünde berk durmagyňyzy dowam etdiriň. Onsoň ýuwaş-ýuwaşdan Hudaýyň size ata-ene hyzmatynyň şatlygyny dolandyrýandygyna üns beriň.
Haçanda töweregiňizde bary ýumrulanda, geljege seretmäge synanyşyň, ýylgyryň we Hudaýyň çagalary terbiýelemegi pata diýip atlandyrandygyny ýadyňa salyň. Onsoň öz öýüňize Onuň Öz Sözüne laýyklykda ata-ene tejribäňizi getirip bilmegiňiz üçin, Ondan akyldarlyk, merhemet we kömek diläň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Öz öýüňize patarahatlygy we patany dolandyrmak üçin maşgala ýygnagyny gurnamak mümkin. Bu ýygnaga maşgalanyň ähli agzalary gatnaşmalydyr. Ýygnakda özüňiziň oňat, agzybir maşgala gurmagy, her bir agzanyň bir-birlerine kömek edip, goldaw bermegi hakda arzuw edýändigiňizi aýdyň. «Siz hem muny isleýärsiňizmi?» diýip, maşgala agzalaryňyzdan soraň we onsoň umumy kynçylyklary çözmegiň we jedelleri ýatyrmagyň tekliplerini aýtmaklaryny haýyş ediň.
Bu dogrudanam kömek edýär! Haçanda indiki gezek öýde ýagdaý kynlaşanda, saklanyň we dileg etmäge başlaň, onsoň hemmelere şol ýygnak hakda ýatladyp, hemmeleriň kyn ýagdaýdan çykalga gözlemeklerini haýyş ediň.
5-nji bap
Lutuň nädogry saýlawy:
Haçanda hem bolsa siz Lutuň ykbaly hakda oýlandyňyzmy? Ybraýymyň taryhyny ýüzleý okap däl-de, hut Luta üns berip oýlandyňyzmy? (Gelip çykyş 13, 14, 19 seret). Bu gaty çalşyrymly, emma gaty gyzykly taryh. Bu taryhdan ata-eneler çynlakaý sapak alyp bilerler we adatça bu taryh ünsden gaçýandyr. Emma bu taryha üns berip, siz meniň näme üçin eňňit tekizlik bilen aşak inýän bu adamyň ykbalyna üns berendigime düşünersiňiz.
Lutuň ata-enesiniň ölüminden soň, oglany onuň babasy bolan Tera öz ýanyna alýar. Haçanda Lutuň daýysy bolan Ybraýym Kengana ýola düşende, inisi hem onuň bilen bile gidýär. Kenganda Ybraýym bilen Lutuň maşgalalary şeýle bir çalt köpeldi welin, tizara bilelikde ýaşamak olar üçin kyn boldy. Şonda maşgalada parahatlygy saklamak maksady bilen, Ybraýym Lutuň özi üçin ýer saýlamagyny teklip edýär. Ýaş ýigit özi üçin baý toprakly ýeri saýlady, bu ýerde durmuş gülläp ösmelidi.
Ýöne Lutuň saýlawy kän bir şowly bolmady… Ol Sodom we Gomora şäherleriniň golaýynda ýerleşmegi makul bildi, ýöne bu şäherleriň ýaşaýjylary özleriniň günäli durmuşlary bilen tanymaldylar. Tizara kynçylyklar başlandy we Ybraýym öz inisini halas etmeli boldy. Birnäçe urşujy patyşalar şol şäheriň düzlüklerine çоzdular we Lut bilen onuň maşgalasyny öz ýanlary bilen alyp gitdiler. Bu hakda eşidip, Ybraýym uly bolmadyk goşun ýygnady we hiç zady güman etmeýän patyşalaryň üstlerine çozup, öz garyndaşlaryny halas etdi.
Bu taryhyň dowamy gaty gyzykly: Ybraýym Lut we beýleki garyndaşlary bilen harby ýörişden dolanyp gelip, ähli olja alan zatlarynyň ondan birini Hudaýa sadaka berdi, emma özüniň kömek eden patyşalaryndan sylag almakdan boýun towlady. Näme üçin ol şeýle etdi? Çünki Ybraýym özüni şol patyşalaryň baýadandygy hakda aýtmaklaryny islemeýärdi.
Şeýle elhenç wakalardan soň Lut özüniň saýlan ýerinde ýaşamak kararyndan elini çeker diýip garaşyp bolardy — çünki düzlükde durmuşyň gaty howpludygyna ol göz ýetiripdi ahyryn. Galyberse-de, Ybraýym daýysy oňa çynlakaý sapak beripdi: patany baýlygyň bilen däl-de, Hudaýa bolan hyzmatyň bilen gazanyp bolar. Ýöne asla beýle bolmady: indiki gezek Lut Sodom şäheriniň özünde ýerleşdi. Hut şol wagt hem Hudaý bu şäheri birnäçe ot we kükürt arkaly arassalamak isleýärdi.
Hudaýyň merhemeti bilen Lut we onuň maşgalasyny halas etmek üçin, onuň öýüniň ýanynda iki perişde peýda bolýar we myhmansöýer Lut olary öýüne çagyrýar. Şäheriň ýaşaýjylary bolan günäli adamlar Lutuň öýüni gabaýarlar we onuňka gelen iki adam bilen bihaýa iş etmek maksatlary bilen olary bermegini talap edýärler. Lut näme edýär? Bu iki myhmanyň deregine Lut öz gyzlaryny teklip edýär. Ýygnanan erkekler onuň teklibini kabul etmeýärler, emma olar güýç bilen Luty mejbur etmäge ýetişmänkäler, perişdeler olary kör edýärler.
Lut şol pursat näme hakda oýlandyka?
Birnäçe wagtdan soň ol öz gyzlaryny aýallyga aljak iki ýigidiň özi bilen gitmeklerini haýyş edýär, emma ol ýigitler oňa ynanman, onuň üstünden gülýärler. Täsinlik arkaly Lut we onuň maşgalasy halas bolýarlar. Perişdeler olaryň daglara gitmeklerini aýdýarlar, emma üns beriň — Lut özüniň ýakyndaky kiçiräk şäherde ýerleşmegine olaryň rugsat bermeklerini haýyş edýär. Lutuň bu işi näme bilen gutarýar? Onuň netijesi gaty gaýgyly, çünki Lutuň özi hem şol şäherde ýaşamaga gorkýar. Ahyrsoňy ol gowakda ýerleşýär.
Lutuň aýaly bolsa halas bolup bilmedi, çünki Hudaýyň diýenine gulak asman, özüniň ýanyp duran jaýyna seretdi we duz sütünine öwrüldi. Ol öz öýünde galmagy şeýle bir isleýärdi welin, islegi özüniň göz öňüne getireninden hem beter ýagdaýda ýerine ýetdi. Şeýlelikde, iki gyzy bilen ýeke galan Lut gowakda ýerleşýär (nähili pikir edýärsiňiz, daýysy Ybraýymyň öýünde onuň üçin ýer tapylardymy?).
Bir gezek Lutuň gyzlary öz nesilleriniň tizara ýitip gitjekdiginden gorkup, meýilnama düzýärler. Bu meýilnama üçin kän şerap we iki gezekki günä gerekdi. Bu günäniň netijesi iki halkyň — mowaplaryň we amonlaryň döremegi boldy. Bu iki halkyň Ysraýylyň zalym duşmanlary bolandygy hakynda bütin Köne Ähtde beýan edilýär.
Bu baby näme üçin «Lutuň nädogry saýlawy» diýip atlandyrandygymy bilýärsiňizmi? Biziň görşümiz ýaly, saýlaw etmezinden ozal Lut ýekeje gezek hem Hudaýa ýüzlenmedi, ýogsa-da daýysynyň hut şeýle edendigini-de ol görüp bilmedi. Lut özüniň duşmanlary üçin olja bolanyndan soň, indi ol bu başdan geçirmelerinden sapak alyp, bir zatlara öwrenmeli wagty gelip ýeten ýalydy. Emma ýok — ol özüniň ýaşamagy üçin Sodomy saýlaýar. Geljekki weýrançylyk hakdaky duýduryşy eşidibem, Lut şübhelenýär we öz ýerinden gitmek islemeýär. Haçanda onuň myhmanlary bolan perişdeler ýakymsyz ýagdaýa duşanlarynda, Lut bütin maşgalasynyň halas bolma işini Hudaýa ynanman, öz pikiri boýunça pes derejeli bolan ýamanlyk bilen ylalaşýar, ýagny myhmanlarynyň deregine bütin märekäniň zorlamagy üçin öz gyzlaryny teklip edýär! Haçanda perişdeler oňa daglara gaçmagy buýranlarynda, ol ýene-de özbaşdak saýlaw edip, düzlükdäki şäherleriň birinde galýar. Ol ýeke-täk dogry karary kabul etmegiň deregine, hemişe öz diýeni boýunça hereket edýär. Hiç zada seretmezden, öz ynamynda berk durmaklygyň deregine, ol ylalaşyga bolan ýoly gözleýär.
Bularyň bary ata hökmünde oňa nähili täsir edýär? Hawa, ol öz gyzlaryny günäniň içinde we hapa adamlaryň jemgyýetinde ulaltdy. Ol özüniň iki gyzyny Sodom şäherindäki şol iki ýigide gürrüňsiz bererdi (hut bu iki ýigit Lutuň günäli durmuş üçin Hudaýyň jezasy hakda aýdanda, onuň üstünden gülüpdiler ahyryn).
Iki gyzynyň durmuşlarynda-da netije uzaga çekmedi. Belki-de, olar nädip nesillerini dowam etdirmelidigi baradaky kynçylyga duşup, dileg etmäge başlandyrlar? Ýa-da ýakynda ýaşaýan Ybraýym garyndaşlarynyň ýanyna gitmegi çözendirler? Asla beýle däl. Olar Luta şerap içirip, ony serhoş etdiler we özleriniň kakalaryndan göwreli bolmak üçin, onuň bilen jynsy gatnaşyk etdiler. Ilkinji we iň ýönekeý karary kabul edip, olar şeýle saýlawlarynyň dogrulygyna ýekeje gezek hem şübhelenmediler.
Emma bu ýerde bir geň ýagdaý bar. Lutuň bütin taryhy onuň durmuşynyň şowly bolmandygy hakynda şaýatlyk edýär. Onda näme üçin resul Petrus oňa «dogry» diýýär (2 Petrus 2:7 seret)? Galyberse-de, Luta asla dogruçyl adam diýip bolarmy? Gürrüň ine nämede, ol Ybraýymyň Hudaýyny tanaýardy we günäden gaça durýardy, ýöne onuň hemişe ylalaşyga bolan ymtylmasy hemişe ýeňilmeklige alyp barýardy.
Eger biz mesihiler bolsak, onda diňe Isanyň özümiz üçin edeni sebäpli, bize dogrulyk mugt berlendir. Şonuň üçin hem biz hem edil Lut ýaly dogry hasaplanýarys. Ýöne biziň hereketlerimizden, kabul eden kararlarymyzdan we çagalarymyzyň gözleriniň alnyndaky özümizi alyp barşymyzdan biziň ata-eneler hökmündäki hyzmatymyzyň netijesi, ýagny çagalarymyzyň kimler bolup ýetişjekdikleri baglydyr.
Hudaý bize giň dogrulyk geýimlerini geýdirdi we biz oňa çenli günsaýyn ösmelidiris, şeýle adaty bolmadyk geýimlerde ilkinji ädimi ätmeklik gaty kyn bolýandyr. Emma çagalarymyz üçin biz özümiziň imanymyza laýyk ýaşap, hiç hili (günä bilen) ylalaşyga ýol bermeli däldiris. Lutuň hemişeki ylalaşyklary ony şeýle bir kör etdi welin, hatda ol öz gyzlaryny günä üçin gurban hödürledi. Hudaýyň hakykaty deregine günä bilen ylalaşyga ýol bermäge çagalarymyzy öwredenimizde, biz hem her gezek şeýle hereket edýändiris.
Hudaýyň erki boýunça bu taryhyň nähili netijeleriniň bolandygy mende hemişe uly täsir galdyrýardy: çünki mowaply aýallaryň biri Isanyň nesil şejeresine girdi ahyryn! Haçanda ýehudy gaýyn enesi kömeksiz galanda, mowaply Rut ýeňil ýoly saýlamakdan gaça durdy. Rut öz ýüregini Hudaýa tabşyrdy we dogry ýoly tapdy, çünki ylalaşyk üçin aklamany ýeňillik bilen tapyp bolýan ýagdaýynda-da, ol bu ylalaşyga baş goşmady. Netijede ol Bowaz atly dogry adamyň aýaly boldy. Bowaz hem öz ynsaby bilen ylalaşyga girmedi. Şu gün biz olaryň zürýady bolan Dawut patyşany oňat tanaýandyrys.
Öz ynsaplary bilen ylalaşyga girmezligiň ruhunda terbiýelenen çagalar dünýäni özgertmek üçin öňe gidýändirler: ylalaşygyň ruhunda terbiýelenen çagalar bolsa bu dünýäniň ähli ýaman täsirlerini özlerine çekýändirler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Haçanda biz betbagtçylyklardan gaça durmak üçin «halas bolma» maksady bilen ýalan geplänimizde — salgyt meselesinde aldanymyzda ýa-da seretmeli däl filmlere seredenimizde, ýene we ýene ýygnaga barmanymyzda, hem-de telefon boýunça gürleşende özümizi syrkaw ýaly alyp baranymyzda, — biz öz çagalarymyza edil Hudaýyň parzlarynyň biziň şahsy oňaýlygymyz üçin gerekdigi baradaky dünýägaraýşy öwredýändiris.
Emma özüňizi ata-eneňiziň nähili terbiýeländigine we öz çagalaryňyzy nähil terbiýeländigiňize seretmezden, islendik wagt öz ynsabyň bilen ylalaşyga girmeklik gylygyny taşlap, öz maşgalaň bilen täzeden ýaşamaga başlamak mümkindir. Dogry ýola düşmek üçin hiç haçan hem giç däldir, aýratynam, eger siz ajyny onuň garşydaşy bolan şatlyga öwürmegi halaýan Hudaýa hyzmat edýän bolsaňyz.
6-njy bap
Hajar — çagasyny ýeke terbiýeleýän ene:
Her bir maşgalanyň taryhynda kyn döwürler bolup geçýär we biziň köpimiz munuň bilen öz ata-eneleriniň maşgalalarynda, ýa-da özlerimiziň guran maşgalamyzda duş gelýäris. Biz özümiziň dürli maşgala kynçylyklarymyzyň öz çagalarymyza täsirini gowşadyp bilýärismi? Meniň pikirimçe, bu ýagdaýlaryň işleýşini Hudaý bize Saranyň gyrnagy bolan Hajaryň gaýgyly taryhynyň mysaly arkaly görmeklige mümkinçilik berýär.
Hajaryň taryhy bilen ilkinji tanyşlygymyz onuň ýagdaýynyň agyrlygyny görkezýär. Ýöne özüniň batan betbagtçylygynda Hudaý oňa neneň merhemeti aýan etdi! Geliň, bolup geçenleriň käbirlerini ýadymyza salalyň we eger siz köpden bäri okamadyk bolsaňyz, onda bu taryhy ýene bir gezek okap çykmagyňyzy men maslahat berýärin (Gelip çykyş 16; 21:1–21 seret).
Saranyň Ybraýyma ogul sowgat etmek isleginiň neneň güýçli bolandygyna seretmezden, onuň bar umytlary puçdy. Galyberse-de, onuň bedeniniň biologiki sagady hem bu umydyň esassyzdygyny görkezýärdi. Şonda Sara, şol wagtlardaky ählumumy däbe görä, öz gyrnagy arkaly mirasdara eýe bolmak maksady bilen, Ybraýymyň öz gyrnagy Hajara ýanaşmagyny teklip etdi. Ybraýym ylalaşdy we Hajar göwreli boldy.
Haçanda göwrelidigi aýan bolanda, Hajar Saranyň üstünden ulumsylyk edip başlady. Munuň netijesi nähili boldy? Sara Ybraýymdan öýkeledi we bar zatda onuň günäkärdigini hemmelere eşitdirip yglan etdi. Ybraýym bolsa jogap berip şeýle diýdi: «Emma gyrnak seniňki ahyryn, onuň bilen näme etmelidigini özüň çöz» («Sen maňa teklip etdiň we ony men amala aşyrdym, indi bolsa bar zatda men günäkärmi?» diýen erkekleriň tanymal we köne soragynyň gadymy görnüşi).
Şondan soň Sara Hajara juda ýowuz daraşyp başlamagy bilen ýagdaýy agyrlaşdyrdy we netijede Hajar gaçyp gidýär. Onuň giden ugruna seredip we özüniň hem müsürli bolandygyny göz öňünde tutup, Hajaryň Müsüre tarap ýola düşendigini çaklamak mümkin.
Emma şu ýerde Hudaý ara goşulýar.
Perişde Hajara görnüp, onuň yzyna dolanmagyny we Sara boýun bolmagyny tabşyrýar. Perişde Hajaryň oglunyň doguljakdygyny, onuň adyna bolsa Ysmaýyl dakmalydygyny, onuň neslini Hudaýyň köpeltjekdigini aýdýar. Hajar boýun boldy we öýüne tarap gitdi. Ol ogul dogrup, adyna Ysmaýyl dakdy.
On dört ýyl geçdi. Yshak doguldy we eýýäm süýtden aýryldy, şu mynasybetli Ybraýym uly baýramçylyk gurnady. Tötänlikde Sara Ysmaýylyň öz oglunyň üstünden gülýändigini görýär we Ybraýymyň Ysmaýyl bilen onuň ejesini öýden kowmagyny talap edýär. Bu Ybraýymy gamgyn edýär, emma Hudaý Saranyň talabyny goldaýar. Şeýlelikde, Ybraýym ýol üçin suw we çörek taýýarlap, olary öýden kowýar we tä çölde ýitirim bolýançalar elini galgadyp galýar.
Haçanda Hajaryň suwy gutaranda, ol oturyp, aglap başlaýar. Ine, Mukaddes Kitap bu wakany nähili beýan edýär:
«Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.
Duýdansyz perişde peýda bolýar we ol Hudaýyň bu ogul hakda alada etjekdigi, ol hakda öň beren wadasynyň ýerine ýetjekdigi hakyndaky habary aýdýar. Onsoň perişde suwuň bar ýerini görkezýär. Şondan soň olaryň çölde ýaşandyklary we Hudaýyň bolsa olar bilen bolandygyndan başga hiç zat hakynda Mukaddes Kitap bu kowlanlaryň durmuşlary hakynda gürrüň bermeýär.
Perişdäniň Hajar bilen gürrüňi nädip başlandygy maňa gaty ýaraýar: «Hajar, näme boldy? Gorkma…» (Gelip çykyş 21:17).
Hajar özüniň soramadyk ogly bilen saýlamadyk adamy tarapyndan kowlupdy, ýanynda bolsa bir meşik suw bilen azajyk iýmitden başga hiç zat hem ýok. Ine-de, ol suwsuz, oglunyň ölüp barýandygy hakynda pikir bilen nirä gitjegini bilmän dur we şol pursat: «Näme boldy?» diýip, bir perişde peýda bolýar.
Hudaýyň garaýşyna görä, biz nähili ejir çeksek-de, nähili kynçylyklara duş gelsek-de, biz hemişe şeýle ýagdaýdan çykalga tapyp, öňe gidip bilýändiris, çünki Ol Öz söýgüsi we durmuşymyzdaky Öz merhemetli wadalaryny ýerine ýetirmekligi bilen hemişe biziň ýanymyzdadyr.
Iki sany beýik parz bar: «Hudaýy söý» we «öz ýakynyňy söý». Haçanda biz Hudaý bilen bilelikde beýleki adamlary söýenimizde we jogap edip olaryň söýgülerini kabul edenimizde, bu gaty täsindir. Emma biz ýakynymyzyň söýgüsini duýup bilerimiz ýaly, Hudaý bizi gowşak etdi. Dünýäde we biziň öz ýüreklerimizde günäniň bar bolan şertlerinde bize edil pata kimin berlen bu gowşaklyk biziň bir-birimize agyry ýetirmegimiziň sebäbi bolup hyzmat edýändir.
Günäli dünýäde ýaşamak we söýmek — hemişe gaýgy we agyry bilen galtaşmaly bolýandygyny aňladýandyr. Muňa seretmezden, Hudaý biziň adamlary söýmegimizei jogap edip, olaryň hem özümizi söýmeklerine rugsat bermegimizi isleýändir. Şonuň üçin hem biz bagyşlanmasyz ýaşap bilmeýändiris. Bagyşlamak bolmasa, onda biz özümizi söýgüden aýyrýandyrys.
Hajar bilen gaty erbet gatnaşyk etdiler. Hiç hili saýlawa eýe bolman, ol ýaşamaga hiç zady bolmadyk çagasyny ýeke terbiýeleýän ene bolup galdy. Ýöne Hudaý oňa aslynda şeýle diýdi: «Näme bolýar? Seniň ýagdaýlaryň — Meniň üçin kynçylyk däl. Sen hiç bir zadyň aladasyny etmeli dälsiň. Men şu ýerdedirin, Men sen we seniň ogluň hakda alada ederin we siziň ikiňiz babatdaky meýilnamalarymy ýerine ýetirerin».
Hajar muňa gulak asdy. Ol ýerinden turup, öňe gitdi. Hudaýyň merhemeti sebäpli onuň ogly ölmedi. Hudaý bu çaga bilen boldy we onuň geljekde-de onuň durmuşynda üstünlik onuň hemrasy boldy.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Sizi nähili betbagtçylyklaryň yzarlaýandygyna, nähili öýkelere döz gelmeli bolandygyňyza seretmezden, Hudaý baryny görýär we size Öz merhemetini eçip, sizi betbagtçylykdan çykarmaga taýyndyr. Eger ata-eneler betbagtçylyklara döz gelip bilen hem bolsalar, ýowuz geçmişiň yzalary barybir olaryň çagalarynyň ýüreklerinde öçmejek şikesler galdyrýandyr hasap edýärler. Emma biziň günäli dünýäde ýaşaýandygymyzy, käwagtlar bolsa başga adamlaryň günäleri, hatda hususy maşgalamyzyň agzalary sebäpli ejir çekýändigimizi Hudaý bilýär. Bu kynçylygyň çözülmeginiň açary — bagyşlap bilmeklikdedir, öz geçmişi taşlap, Göklerdäki Atamyza we Onuň öz geljegimiz hakynda alada etmek niýetine ynanyp, öňe gitmeklikdedir. Eger siz hut şeýle hereket edýän bolsaňyz, bu siziň çagalaryňyza oňat täsir eder we olar aýak üstüne galyp, ýollaryny dowam etdirip bilerler. Şeýle-de, haçanda öýleriniň gapylaryny betbagtçylyk kakanda, olar geljekde-de dogry hereket etmäge öwrenerler.
7-nji bap
Saranyň garyşyk maşgalasy:
Ybraýym bilen Saranyň tejribesi — häzirki döwür maşgalasy üçin oňat mekdepdir. Olar öz durmuşlaryny meýilleşdirmediler, emma nähili bolan bolsa, şonuň ýaly boldy.
Özi we Ybraýym üçin Hajaryň çaga dogurmagyny Saranyň özi isländigini ýada salalyň (Gelip çykyş 16:2 seret).
Ýöne şeýle usulda doguljak çaganyň Ybraýym bilen Saranyň däl-de, Ybraýym bilen Hajaryň çagasy boljakdygyny Hudaý anyk düşündiripdi:
Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi. Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz. Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi. Ol ýabany eşek ýaly bir adam bolar. Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar. Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
Perişdäniň Hajaryň Sara üçin ogul dogurjakdygy hakynda hiç zat diýmändigine üns beriň, şeýle-de, ol Saranyň nesli hakynda hem hiç zat diýmedi. Bu çaganyň Hajaryň çagasy boljakdygyny Hudaý anyk düşündirýär. Görnüşi ýaly, Hajar Ybraýyma täzeligi aýdan bolsa gerek we Ybraýym doglan çaga Ysmaýyl (perişdäniň buýruşy ýaly) diýip at dakdy. Onsoňam Sara Ysmaýyla edil Hajaryň ogly kimin ýüzlenýär.
Şeýlelikde, Ybraýym, Sara, Hajar, Ysmaýyl we Yshak bir garyşyk maşgala boldular. Belki-de, olar Ybraýymyň ýerinde dürli çadyrlarda ýaşandyrlar, emma olaryň bary başlaryna düşen ýeňil bolmadyk ýagdaýdan baş alyp çykyp ýaşamaly boldular. Bu gadymy garyşyk maşgala hem edil biziň döwrümizdäki garyşyk maşgalalar ýaly gapma-garşylyklara we kynçylyklara duş gelen bolsalar gerek.
Sara bilen Hajaryň gatnaşyklarynyň erbet duýgulardan, duşmançylykdan, gabanjaňlykdan mahrum bolmandygy, Ybraýymyň bolsa öz çagalarynyň iki eneleriniň arasynda ikä bölünmeli bolandygy hakynda Mukaddes Kitap bize habar berýär. Şeýle-de, çagalaryň arasynda hem garşydaşlyk döredi, bu bolsa olaryň her biriniň terbiýesini serpikdirýärdi. Ýöne ähli kynçylyklara seretmezden, olar bilelikde on dört ýyla golaý ýaşadylar!
Şeýle maşgalalara mahsus bolşy ýaly, gapma-garşylyklar hemişe-de bu maşgalany yzarlaýardy. Emma soňabaka maşgala ýagdaýy oňatlaşyp başlady we käwagtlar duşmançylygyň hem ara düşendigine seretmezden, netijede iki maşgala hem (çagalary bilen bile) Hudaýyň patasyna eýe boldy.
Bu maşgala dramasynyň her bir gatnaşyjysynyň maşgalanyň beýleki agzasynyň ýerine ýetirmeli işine neneň hormat bilen seredendigi hakynda söz aýtmak gerekdir. Haçanda Sara ilkinji gezek Ybraýymyň ýanyna Hajara bolan öýkesi bilen gelende, Ybraýym dessine Hajaryň gyrnak hökmündäki ornuny, ýagny Hajaryň Sara boýun bolmalydygyny belledi. Haçanda Hajar öýden gaçanda, perişde onuň yzyna dolanmagyny buýurdy, soňra ol boýun boldy. Haçanda Hajar perişdäniň gelendigi hakyndaky habar bilen gelende, Ybraýym bilen Sara Hajaryň öz çagasyny öz isleýşi ýaly terbiýelemegine hakynyň bardygyny boýun aldylar. Haçanda Sara Ysmaýylyň Yshagy öýkeledýändigi hakyndaky özüniň howsalasy bilen Ybraýymyň ýanyna gelende, ol enäniň howsalasyny üns bilen diňledi we bu kynçylyk hakynda Hudaýa aýtdy. Haçanda Hudaý Ybraýymyň Saranyň diýenine gulak asyp, Hajary ogly bilen öýden kowmalydygyny aýdanda, ol Onuň tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
Bu taryh garyşyk maşgalalaryň kynçylygyny çözmegiň täsin usulyny— beýlekiniň abraýyny hormatlamagy teklip edýär. Eger çagany terbiýelemäge kanun boýunça haky bolan ata we ene aýry ýaşaýan bolsalar, onda iki maşgala hem bir-biriniň ata-ene hormatyny goldamaga synanyşmalydyr. Eger öweý ata-ene çaganyň durmuşyna gatnaşýan bolsa, emma onuň terbiýesi bilen meşgullanmaýan bolsa, onda beýle ata-ene bu çaganyň üstünden biologiki ata-ene ýaly ygtybarlygyň derejesine eýe däldir. Muňa seretmezden, çaga öweý ata-enäni hem hormatlamagy öwretmeli. Ähli çagalar (diňe bir süýtdeş doganlar däl, hatda öweý doganlar hem, şeýlde-de, bir maşgalada ýaşaýan, ýöne dürli ata-eneleri bolan çagalar hem) bir-birlerine bolan hormat ruhunda terbiýelenmelidirler.
Elbetde, her bir maşgalada öz aýratynlyklary bardyr, emma eger onuň ähli agzalary ygtyýarlygy we işleri anyk bölüşseler hem-de bir-birleriniň hukuklaryny hormatlasalar, onda ýagdaýdan baş alyp çykmak olar üçin ýeňil bolar. Mukaddes Kitabyň bir wajyp parzyny ýada salalyň: «Hemmeleri sylaň…» (1 Petrus 2:17).
Bu parzy bozanlygy Sara üçin howp hakyndaky we doly bölünişigiň wagtynyň gelendigi hakyndaky duýduryş boldy. Ysmaýylyň Yshagyň üstünden gülýändigini görüp, ol dessine Ybraýymyň ýanyna gitdi.
Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi.
Ysmaýylyň Yshagyň göwnüne degýändigini görüp, Sara dessine özi bilen Ybraýymyň ölüminden soň mirasyň paýlanyşy baradaky geljegiň suratyny gördi. Ol şuňa düşündi: Ysmaýyl kiçi doganynyň maşgalanyň başydygyny boýun almaz we onuň kakalary Ybraýymyň mirasyna hakynyň bardygyny inkär eder. Haçanda Hajar bilen Ysmaýylyň Yshagyň Hudaý tarapyndan şaýatlyk edilen nowbahar ogullyk hukugyny hormatlamanlaryndan soň, Sara Hajar bilen onuň oglunyň öýden kowulmagyny talap etdi.
Bu wakalar bilen ilkinji gezek tanyş bolanyňda, Saranyň hususy halamazlygy sebäpli şeýle hereket edendigi ýaly bolup görünýär, emma haçanda Ybraýym Hudaýa bolup geçýän zatlar hakynda gürrüň berende, Hudaý Saranyň niýetleriniň nähili bolýandygyna seretmezden, onuň meýilnamasyny goldady.
Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesliniň üsti bilen dowam eder.
Başgaça aýdanda, Hudaý Saranyň haýyşyny ýerine ýetirmäge ylalaşdy, çünki Yshak nowbahar ogul hökmünde hormata mynasypdy (we mirasa hukugy bardy).
Eger sizi ata-ene hökmünde hormatlamasalar ýa-da siziň ata-enelik ygtyýaryňyzy boýun almasalar, onda bu kynçylygy çözmekde iki çet ýagdaýdan gaça duruň: bir tarapdan, açyk gapma-garşylyk ýoluna düşmäň, beýleki tarapdan, eger siziň etjek hereketleriňiz diňe boýnyburuklylyk we ýumşaklyk bolsa, onda bu ýagdaýy diňe kynlaşdyrar. Siziň çagalaryňyz iki duşmançylykly taraplaryň arasynda galyp, ne bu tarapa, ne-de beýleki tarapa gulak asmaklaryny islärler. Nähili kyn bolýandygyna seretmezden, hatda ujypsyz zatlarda-da beýleki atanyň ýa-da enäniň hormatyny goldamaga synanyşyň: eger ata (ýa-da ene) çagalarynyň wagtynda öýe gelmeklerini talap edýän bolsa, onda çagalaryň bu talaby ýerine ýetirmelidiklerini aýdyp, olara bu meselede kömek ediň. Söz we iş bilen çagalara öz atasyny ýa-da enesini hormatlamalydyklaryny öwrediň.
Mysal üçin, haçanda jedel çagalaryň haýsy filmlere seretmeli, haýsylaryna seretmeli däldikleri hakynda gidende bu ýeňil düşmeýär. Emma çagalary terbiýelemek üçin siziň (är-aýalyň) bir-biriňize bolan sesiňizi gataltmagyňyz däl-de, çagalaryňyza ýüzlenen siziň sözleriňiz gerekdir. Öz sözleriňiz we göreldäňiz bilen siz çagalara ýuwaş-ýuwaşdan hakykaty açyp, olara dogry saýlaw etmegi öwredýänsiňiz.
Biziň maksadymyz hut şunda jemlenen dälmi näme? Haçanda siz çagalaryňyzyň Hudaýy söýýän, beýleki adamlara hormat we söýgi bilen gatnaşyk edýän we özleri üçin iman ýoluny bilelikde saýlaýan dogry adamlar bolup ýetişýändiklerini göreniňizde, özüňiziň şu agyr durmuş pursatlaryndaky ähli gaýratyňyzyň aklanýandygyny görersiňiz.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ýadyňyzda saklaň: gözleriniň alnynda beýleki adamlar tarapyndan kemsidilýän ata-eneleri çagalar hormatlaýan däldirler. Beýleki ata (ýa-da ene) barada ýaman söz aýdyp, çaganyň öweý atasyny (ýa-da enesini) masgaralamak bilen biz çagalara erbet görelde berýändiris. Şonuň üçin hem dişimizi gysyp, garyşyk maşgalanyň beýleki ähli agzalary bilen hormatly gatnaşyk etmäge başlamalydyrys. Käwagtlar beýleki atanyň (enäniň) erbet hereketleri hakynda çaga bilen gönüden-göni gürleşmeli, emma muny beýleki adamyň üstüne çozmak däl-de, diňe ýamany ýagşylykdan tapawutlandyrmak maksady bilen etmeli. Şunuň bilen birlikde, biz hatda şeýle ýagdaýlarda-da hiç haýsymyzyň hem kämil däldigimizi belläp, aklaýjy sözleri tapmalydyrys.
8-nji bap
Yshak gurbanlyk sypasynda:
Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.
Bu nädip beýle bolup biler? Ybraýym bütin ömür Hudaýa wepaly we gulak asyjy bolypdy, onuň Hudaýa aýan eden ýeke-täk islegi bolsa oguldy!
Ilki bilen Ybraýym özüniň ynanýan hyzmatkärini mirasdar etmek isledi, onsoň Ysmaýyl doguldy. Emma Hudaý Ysmaýyly öýden kowmagy buýurdy, bu bolsa ata ýüregi üçin gaty agyryly boldy. Hudaý Yshagyň dogulmagyny wada berdi we Ybraýymy ogluny dogry terbiýeläp bilýän oňat ata etmäge taýýarlaýardy. Bu ýyllaryň içinde Ybraýym ogluny ulaltdy, söýdi we läleksiretdi. Ine, indi bolsa Hudaý bu ogly ýakma gurbanlygy hökmünde getirmegi buýurýar!
Hudaý Ybraýymyň üç günläp ýolda bolmagyny buýurdy. Şol ýetmiş iki sagadyň içinde onuň nämeleri başdan geçirendigini göz öňüne getirmek elhenç…
Olar Hudaýyň aýdan dagyna baryp ýetenlerinde, odunlary göterip barýan Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýip, kakasyndan sorady (Gelip çykyş 22:7).
Şonda Ybraýym ogluna hiç zat diýmedi, emma ýoluň soňunda ol ahyry bu sowala jogap bermeli boldy. Şeýlelikde, garry goja özüniň on iki ýa-da on üç ýaşly oglunyň el-aýaklaryny daňyp, ony gurbanlyk sypasynyň üstüne goýdy. Üns beriň, Mukaddes Kitap Yshak tarapyndan garşylygyň bolandygy ýa-da bolmandygy hakynda hiç habar bermeýär.
Biz öz ýüregimiz üçin gymmat bolan zady inkär edip, bu gurbanlyk bilen bagly bolan agyra seretmezden, Hudaýa boýun bolanymyzda, çagalarymyza görelde üçin mysal berýändiris. Yshak kakasynyň Hudaýa bolan çäksiz wepalylygyna şübhelenmeýärdi, kakasynyň öz peýdasy üçin ylalaşyga gelenini hiç haçan hem görmändi. Ol kakasynyň gürrüňleriniň täsiri astynda ulalypdy we kakasynyň Hudaýa bolan şertsiz gulak asyjylygynyň ilkinji şaýady bolupdy. Haçanda Ybraýym özünden Hudaýyň näme talap edýändigini bilende, ol muny hiç bir soragsyz we nägilesizlik bilen edýärdi. Kakasynyň mysalynda kiçijik Yshak hatda öz durmuşyna howp abananda-da, dogry hereket etmegi öwrenipdi.
Käwagtlar çagalar bizi akyldarlygyň, käwagtlar bolsa dogrulygyň hem garşysyna ylalaşyga girmäge yryp, ýüregimiziň duýgurly tarlaryna degýärler. Emma näçe ylalaşyga girdigimizçe, şonçada çagalarymyz pitne we garşylyk ýoluna düşüp, dogrulygyň we Hudaýyň kanunlarynyň ýollaryna biperwaylygy öwrenerler. «Haýyş edýärin, men şu filme seretsem bolmazmy? Bu film hakda erbet zatlar diýýändiklerini bilýärin, emma meniň ähli dostlarym ony görerler we eger men hem ony görmesem, onda nädip dostlarymyň ýüzüne seredip bilerin? Haýyş edýärin, diňe birje gezek». Ýa-da: «Dogrymy aýdýaryn, meniň ýygnaga gitmek islegim ýok, ol ýerde meniň dostlarym ýok. Iň gowusy sapaklarymy ýerine ýetirerin».
Bu düzgün haçanda biz ýaşaýyş akyldarlygyna eýermän, çagalarymyz bilen ylalaşyga girenimizde hem dogry bolup çykýandyr. Mysal üçin, olaryň hili oňat bolmadyk iýmitleri iýmeklerine, bolgusyz ýere pul harçlamaklyga, öz doganlary, uýalary we dostlary bilen duşmançylykly bolmagyna we hatda öý işleri boýunça öz borjuny ýerine ýetirmezligine rugsat berenimizde bolýandyr.
Mukaddes Kitap şeýle öwredýär: temmini aýasaň — çagany bozarsyň (Süleýmanyň tymsallary 13:24; 22:15; 23:13; 14; 29:15). Bu diýmeklik, eger biz öz çagalarymyza esasy durmuş düzgünlerini we olara laýyklykda durmuşlaryny gurmagy öwretmesek, onda olar kyn ýagdaýlarda dogry saýlaw edip bilmezler. «Temmi» sözüne göni manyda düşünip bolýandygyna seretmezden, terbiýelemegiň usullary kän wajyp däldir — iň esasy çagalara dogry saýlaw edip, tertip-düzgüniň talaplaryna hormat goýmaklygy öwretmekdir. Muňa temmi bermegi ulanman hem ýetip bolýandyr, temmini ulanyp, emma özleriniň iň esasy maksadyny gözden sypdyrýan ata-eneler bolsa çagalarynda: «Eger ata-enem maňa gaharlansalar, onda günüm gaýtdygy bolar» diýen pikiri ösdürýärler.
Elbetde, edil biziň özümiz ýaly, çagalarymyz hem zähmetden we tertip-düzgüniň talaplaryndan gaça durmak isleýändirler. Olar hezilligiň yzyndan ylgaýarlar we ýeňil ýollaryň gözlegi bilen meşguldyrlar. Görnüşi ýaly, Ybraýym öz ogluny ýeňil ýoluň deregine dogry ýoly saýlamagy şeýle bir oňat öwredip bilipdir welin, haçanda Yshagyň özi üçin Hudaýa we kakasynda bolan söýgi üçin dogrudanam kyn saýlaw etmeli pursat ýetip gelende, ol meýletinlik bilen kakasynyň we Hudaýyň erkine boýun boldy.
Nähili pikir edýärsiňiz, Merýerm Hudaýyň ýeke-täk Ogly bolan Isanyň Özüniň haça çüýlenmeli ýerine meýletinlik bilen Öz arkasynda agaç haçy göterip barýandygyna syn edeninde, bu Ybraýym bilen Yshagyň bu taryhyny ýatladymyka?
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Käwagtlar, esasan-da ýadaw pursatlarymyz biziň üçin sabyrly bolup, howlukmaçlyk bilen «ýok» diýmezlik gaty kyn bolýar. Emma haçanda siziň çagalaryňyz dogrulyga we akyldarlyga garşy çykmaýan ylalaşyga gelmäge synanyşanlarynda, siz olara kömek etmek üçin mümkin bolan we mümkin bolmadyklaryň baryny etmelisiňiz. Eger-de sizi özüňize mynasyp bolmadyk hereketi etmäge synanyşýan bolsalar, şeýle ylalaşyga näme üçin gidip bilmeýändigiňizi we olaryň talaplaryna indi hiç halan hem «hawa» diýip bilmejekdigiňizi çagalaryňyza ýuwaşja düşündiriň. Çagaňyz bilen gürrüňdeş bolup we näme üçin şu çözgüdiň şu ýagdaýda iň oňatdygyny düşündiriň. Özüňiziň saýlan dogry karary kabul etmegiň usulynyň neneň kyn bolýandygyna seretmezden, bu çagalaryňyzyň galan bütin durmuşlarynda olara bahasyna ýetip bolmajak peýdany getirip bilýän sapak bolar.
9-njy bap
Yshagyň ýumşak ýüregi,
1-nji bölüm:
Mukaddes Kitabyň beýleki baş gahrymanlary bilen deňeşdirilende, Yshasyň durmuşy rahat we durnukly bolup görünýär. Onuň terjimehaly wakalara baý däl. Onuň durmuşynyň Mukaddes Kitapdaky taryhyna girişip, bir aýratynlyga üns berip başlaýarsyň: Yshak ähli adamlar bilen diýen ýaly parahatlykda ýaşamagy başarypdyr.
Birinjiden, Yshak bilen onuň kakasynyň arasynda nähili gatnaşyklaryň bolandygyny ýada salalyň. Çünki Yshak Ybraýymyň gözüniň görejidi ahyryn we mälim bolşy ýaly, ol öz kakasyny güýçli söýüp, oňa hormat goýan bolsa gerek.
Yshagyň ýürek mähriniň nyşanyny biz onuň aýaly Rebeka bilen gatnaşyklarynyň taryhda hem görüp bilýäris (Gelip çykyş 24 seret). Mukaddes Kitap bize Ybraýymyň Yshagy güýçli hormatlaýan hyzmatkäriniň hojaýynynyň ogly üçin görmegeý aýal tapandygy hakynda gürrüň berýär, emma babyň soňunda bize şeýle manyly habar aýan bolýar:
Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi.
Yshak ejesine şeýle bir baglydy welin, hatda onuň ölüminden üç ýyl geçen soň hem ol bu urgy zerarly özüne gelip bilmändi. Onuň aýalyna bolan mähri:
Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi.
Haçanda Yshak baýap, ýerlerini giňeldende, goňşulary suwuň üstünde onuň bilen jedel etdiler. Yshak bolsa güýç ulanmady, näme bolsa-da, ol güýje edil soňky serişde kimin ýüz tutmady, emma munuň deregine ol täze guýy gazdy, netije-de bolsa goňşulary bilen parahatlyk dikeldilipdi.
Daş-töwerekdäkiler hem Yshagy söýýärdiler, çünki ol ata-enesi tarapyndan ýakynyny söýmeklige öwredilipdi, şeýle-de, onuň söýgüsi diňe sözde däl-de, iş ýüzündedi. Şeýlelikde, onda Isanyň parzy bolan Hudaýy we goňşyňy söýmeklik öňünden aýan edilipdi.
Hudaý bize näme diýse-de, bary biziň ýagşylygymyz üçindir. Hut şunuň üçin hem bize bu iki beýik parz berlendir: Hudaýa bolan söýgüde ösmeklik we adamlara bolan söýgüde ösmeklik. Öz çagalaryny söýýän biz, ata-eneler, özümiziň terbiýelemek gaýratymyzy hut şu iki maksada gönükdirmelidiris.
Ýokarda aýdylyşy ýaly, Hudaý bilen iş ýüzünde gürrüňdeş bolmak kesgitli dilegleri ýat tutup, olary aýtmaklykdan gaty çylşyrymlydyr. Hut şeýle ýagdaýda, çagalarda goňşularyna bolan söýgini terbiýelemek bizden çynlakaý gatnaşmaklygy talap edýär, «Özüňi oňat alyp baryp bolmazmy näme?» diýip adatdakysy ýaly gygyrmaklygyň deregine, durmuş sapaklarynyň ençemesini talap edýändir. Mukaddes Kitap bize diňe bir söýmekligi tabşyrman, eýsem ol muny nädip ýerine ýetirmelidigini hem görkezýär. Ol iş ýüzündäki gürrüňdeşligiň tejribesini ösdürýän sapaklary, diňlemekligi başarmagyň, jedelleri çözmekligiň, beýlekileriň gyzyklanmalaryny özüňkiden ýokary tutmaklygyň, bilelikde hyzmat etmekligiň sapaklaryny berýär, şeýle-de, dürli gatnaşyklary gurmaklygyň esasy düzgünlerini öwredýär (mysal üçin, dostlaryň, är-aýalyň, iş beriji bilen işgäriň arasyndaky gatnaşyklar).
Bir maşgaladaky çagalaryň arasyndaky duşmançylyk, ýetginjekler bilen ata-eneleriniň arasyndaky düşünişmezlikler, şeýle-de, umuman adamzat gatnaşyklarynyň bozulmagy we dargamagy — bularyň bary biziň durmuşymyzyň adaty ýagdaýlary diýip, häzirki döwrüň köp adamlary pikir edýärler. Emma iş ýüzünde bolsa, bu biziň durmuşymyzyň adaty ýagdaýlary däl-de, adamlaryň gatnaşyk gurup bilmeýändikleriniň aýdyň netijesidir. Eger-de biz çagalarymyza gatnaşyklary gurmaklygyň düzgünlerini öwretmesek we olary gurmaklygyň iş ýüzündäki tejribelerini çagalarymyzda ösdürmesek, onda çagalarymyz hiç haçan hem öz aralarynda dostlaşmagy öwrenip bilmezler. Şeýle sebäbe görä-de olaryň aralarynda duşmançylyk we jedeller turýandyr. Ulalanlaryndan soň olar ata-eneleri bilen hem jedelleşip başlaýandyrlar, çünki özlerini başgaça alyp baryp bilmeýärler. Ahyrsoňy, olaryň nika gurmak wagtlary ýetip gelýär, ýöne bal aýynyň hezilligi näme üçindir gaty çalt ýitýär… Biz düşünişmezlikden haýran galýarys: «Näme üçin?» Nämä haýran galmaly? Çünki nädip
Biziň mesihi öýümiz bir-biriňi söýmekligiň öwredilýän mekdebi bolmalydyr. Aragatnaşygyň «ata-ene — çaga» ýaly görnüşi çagalarda ulular bilen gatnaşyk etmegiň tejribesini ösdürmäge, başganyň ygtyýarlygyny hormatlap, oňa boýun bolmaklygyň wajypdygyna düşünmäge (şu hatarda iş beriji bilen aragatnaşyk meselesinde hem), ýolbaşçynyň roluny ýerine ýetirmegi başarmaga we özüniň geljekki çagalaryna dogry gatnaşyk etmäge öwrenmäge gönükdirilendir. Her bir çaga öz deň-duşlary bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik almalydyr, bu bolsa onuň dostlary, işdeşleri we ahyrsoňunda öz ýan ýoldaşy bilen gatnaşyklary gurup bilmegine kömek eder. Resul Ýahýa şeýle diýýär:
Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez.
Şu sözlerde Ýahýa gatnaşyklaryň ýönekeý düzgünini aýan edýär: eger sen adamlar bilen öz gatnaşyklaryňy dogry gurnap bilmeýän bolsaň, onda Hudaý bilen oňat gatnaşyklara eýedirin diýmegiň bilen, öz-özüňi aldaýansyň. Özüňi gurban ediji we söýgä wepaly gatnaşyklary gurnamagyň we goldamagyň düzgünleri adamzat gatnaşyklarynyň
Daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklary gurnamagyň düzgünlerine öwredilmedik çagalar özleri bilen doganlarynyň aralaryndaky duşmançylygyň soňkularyň ýol bermezekliklerinde we samsyklyklaryndadygyna ynamlydyrlar. Ýöne olaryň dostlary bilen gatnaşyklarynda hiç hili kynçylyk ýokdur! Emma gürrüň olaryň öz dostlary bilen bile ýaşamaýandyklaryndadyr, şonuň üçin hem olaryň aralarynda gapma-garşylyga sebäp ýokdur. Çagalar bilen ata-eneleriň aralarynda gapma-garşylyklar başlanda-de, hut şeýle bolýandyr — çagalar öz pikirlerinde ata-enelerini kemsidýändirler. Şeýlelikde, eger çagalar öz maşgalasynyň agzalary bilen dogry gatnaşyklary ýola goýmaklyga öwrenmeseler, onda olar özleriniň ýakynlaryndan daşda hiç bir adam bilen hem gatnaşyk saklamaga ukyply bolýan däldirler. Hatda bu olaryň geljekki ýanýoldaşlary we iş başlyklary babatda hem şeýledir.
Yshagyň taryhy — şahsara gatnaşyklary akylly gurmaklygyň mysalydyr. Ol hemmeler bilen, hatda özüni we öz maşgalasyny ýigrenýän goňşulary bilen hem parahatlygy saklamagy başardy. Yshagyň doganlary we uýalary ýokdy. Ýeke çaganyň adatça kän wagtyny dostlary bilen geçirýändigi sebäpli, şeýle çaga öz deň-duşlary bilen dogry gatnaşyk etmegi ýa-da öwrenere, zady ýokdy. Çagalarymyzda ilki bilen öz maşgalalarynyň agzalaryna bolan söýgini terbiýelemek bilen, biz olary wajyp serişdeler bilen baýadýandyrys. Çagamyz bu serişdeleri ulanyp, durmuşyndaky gatnaşyklary beýleki görnüşlerini gurmakda üstünlikli bolýandyr. Öz tiresiniň (soňy bilen bütin halka öwrülen) başy bolmaklygy miras alan Yshak söýülýärdi we söýmeklige öwredilendi, ýagny adamlar bilen parahatlykda ýaşamaga we peýda bolan gapma-garşylyklary çözmegi-de öwredilipdi.
Haçanda men ilkinji gezek bu düzgüni özüm üçin açanymda, çagalarymy çagyryp, muny olara düşündirmäge synanyşdym. Men olary söýmeklige we beýlekiler bilen parahat ýaşamaklyga öwretmek isleýändigimi aýtdym. Olaryň ýaşlarynyň entek kiçi bolýandygyna seretmezden, men öz meýilnamamy amala aşyrmaga girişdim. Haçanda doganlar bilen uýalaryň aralarynda, ýa-da dostlarydyr doganoglanlarynyň arasynda oýunjaklary saýlamakda ilkinji bolmak meselesinde ýa-da film saýlamakda jedel peýda bolanda, bu ýüze çykan jedeli ýuwaşja çözüp bolýandygyny men olara görkezdim — oýunjaklary paýlaşyp, bilelikde oýnamaly ýa-da nobata durup, öz nobatyňa garaşmaly. Her bir oňaýly pursatda men edil nädip pökgini dogry oýnamalydygyny öwredişim ýaly, olara özüm, myhmanlar, garyndaşlar, terbiýeçiler hem-de mugallymlar bilen dogry gatnaşyklary gurmaklygy öwretdim. Haçanda olar adamlar bilen hormatly gürleşmäge, paýlaşmaga, öz nobatlaryna garaşmaga, beýlekileri diňlemäge, olara kömek etmäge, oňat sözleri aýtmaga, sabyrly bolmaga, ýolbaşçylary hormatlamaga öwrenenlerinde, meniň ýeňilje ýatlatmagym olaryň duşmançylygynyň sönüp, gatnaşyklarynyň oňatlaşmagy üçin ýeterli boldy. Indiki bapda biz bu düzgüniň öz çagalarymyzyň durmuşlaryna ornaşdyrylmagynyň basgançaklaýyn, ädimme-ädim iş ýüzündäki usullaryna seredip geçeris.
Şu gün meniň çagalarym öz aralarynda dostlaşýarlar, bile oýnaýarlar, wagtlaryny bile geçirip, peýda bolan islendik gapma-garşylyklary ýuwaşlyk bilen çözýärler. Olaryň durmuşlary daş-töwerekdäkiler bilen ýakymly we çuňňur gatnaşyklardan doly. Iň esasy zat biziň öýümizde parahatlygyň höküm sürýändigi däl-de, meniň çagalarymyň maşgaladan daşdaky adamlar bilen dogry gatnaşyk edip bilýändiklerindedir. Özleriniň alan bilimleri bilen olar, edil Yshak ýaly, söýgüde ýaşap bilýändirler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň. Olary öz ýanyňyzda oturdyp, olar bilen gürleşiň. Olara beýlekileri söýüp, olar bilen dogry gatnaşyklary gurnap bilmeklerini öwretmek isleýändigiňizi aýdyň, çünki bagtly bolmaklary üçin bu olara gaty wajypdyr. Çagalaryňyz lapykeç wagtlarynda beýlekileri söýüp, daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklary saklamak islemeýän pursatlary bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda özüňiziň çagaňyza ýatlatma berip bilýändigiňiz hakynda onuň bilen şertleşiň. 1 Ýahýa 4:19–20-ni okaň we ony çagaňyz bilen bile ara alyp maslahatlaşyň.
10-njy bap
Yshagyň ýumşak ýüregi,
2-nji bölüm:
Çagalarda goňşularyny söýmek we hemmeler bilen oňat gatnaşyklary saklamak ukyby ösdürmek — gaty uly peýda getirýän işdir. Hudaýyň Sözünde terbiýelemegiň bu esasy düzgünini aýan edenim dessine, men ony öz maşgalamda iş ýüzünde ulanyp başladym. Meniň ýadyma Yshak hakda aýdylan bir aýat düşdi, onda onuň ýüreginiň neneň ýumşak we söýgüden doludygy hakynda şaýatlyk edilýär:
Emma bir gyzykly ýeri — haçanda men bu hakda töwerekdäkilere gürrüň berenimde, käbirleri maňa edil başga dünýäden gelen kimin seredýärler. Biz çagalaryň aralaryndaky
Bir adam meni özümiň gaty kämil ata bolmaga synanyşýandygymda günäkärledi; başga biri bolsa, mende maşgala däl-de, nähilidir bir durmuşy tejribe bar diýdi.
Emma men adatdan daşary bolan ata başarjaňlygyna eýe däldirin we hemmeler ýaly kämillikden daşdyryn. Men ýöne Hudaýyň ýeňilje basyşyna garşy durman, Onuň kömegine bil bagladym. Her bir mümkin bolan pursatda men çagalaryma «oňat gatnaşygyň» sapagyny bermäge synanyşdym, munuň netijesinde bolsa olar adamlar bilen öz gatnaşyklaryny dogry gurmagy öwrendiler. Bu ylym başga ylymlardan, mysal üçin nahar bişirmekligiň ýa-da suwda ýüzmekligiň sapaklaryndan kän tapawutlanmaýar. Eger biz çagalarymyzyň haýsydyr bir gylyk-häsiýete ýa-da tejribä eýe bolmaklaryny isleýän bolsak, onda olary muňa öwretmelidiris. Bu bir-birleri we beýlekiler bilen dogry gatnaşyk gurup bilýän oňat we dostlukly çagalara eýe bolmak ymtylyşymyza hem degişlidir.
Mukaddes Kitap bizi öz goňşularymyzy söýmäge çagyrýar we diňe şu parza eýerip, biz bagyşlamagy, özümizde baryny bermegi, beýlekileri ilkinji orna goýmagy, mätäçlere kömek etmegi, beýleki adamlaryň hukuklaryny we pikirlerini hormatlamagy, öz ýalňyşlyklarymyzy boýun almagy we ş.m. başaryp bilýändiris. Bolmasa biz hiç haçan hem adamlary çynlakaý, bütin ýüregimiz bilen söýmegi öwrenip bilmeýändiris.
Söýgi — bu anyk bolmadyk zat däldir: ol biziň anyk işlerimizde aýan bolýandyr. Şonuň üçin hem ähli hereketlerimizi goňşularymyza bolan söýgi bilen öwrenmelidiris we muny çagalarymyzy hem öwretmelidiris. Öz çagalarymyza dogry düşünje berip, olary terbiýelemek biziň Hudaýyň alnyndaky borjumyzdyr.
Size birnäçe ýönekeý maslahat bermäge maňa rugsat beriň.
1.
2.
3.
4.
5.
7, 8, 9, 10, 11 we ş.m.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Eger siz maşgala ýygnagynda şu ýol bilen gitmek kararyny kabul eden bolsaňyz, onda bary öz-özünden amala aşar diýip, hasaplap bilersiňiz. Iň kyn ýeri — bu adaty boş sözlerden we çagalaryňyzyň bir-birleri bilen dostlaşmaklaryna bolan çakylykdan çagalaryňyza çylşyrymly bolmadyk iş ýüzündäki ädimler arkaly anyk düzgünleri ýerine ýetirmekligi öwretmeklikdir. Haçanda ähli çagalar bu düzgünlere düşünenlerinde, olary kabul edip, olara öwrenişenlerinde, ýagdaýlaryň talap edişine laýyklykda, düzgünleriň ähli ulgamyny ulanmaklyk asla kyn bolmaz. Her bir anyk ýagdaýda usullar ýagdaýlaryň geçişine laýyklykda üýtgäp biler. Mysal üçin, telewizoryň pultunyň üstünde peýda bolan jedeli çözmekligiň dogry ýoluny görkezmek bilen, size özüňiziň umumy şertnamaňyz hakynda ýatlatmagyňyz ýeterli bolar. Haýal etmän, «durmuşy tejribä» başlaň. Coý, durmuş ýagdaýlary okuw mekdebi hökmünde size hyzmat etsin.
11-nji bap
Ekizleriň kynçylyklary:
Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.
Çaganyň dogulmagyna garaşýan islendik ýaş aýallar ýaly, Rebeka hem adaty göwreliligiň nähili geçýändigini bilýärdi we öz ýagdaýynyň aýratyndygyna-da düşünýärdi. Ýakup bilen Esaw göwrede şeýle gaharjaňlyk bilen göreşdiler welin, Rebeka ýagdaýyň oňat däldigini aňdy. Göwresindäki göreşiň geljekde iki halkyň — iki oglunyň nesilleriniň alyp barjak söweşiniň mysalydygyny Hudaý Rebeka açdy.
Bularyň barynyň arkasynda ruhy söweşiň durandygy hakynda biz Täze Äht boýunça düşünýäris.
Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satan Esaw[2] ýaly Hudaýa hormatsyz bolmasyn.
Esaw özüniň nowbahar ogullyk hakyny gyzyl nohut çorbasyna satýar we netijede nowbahar ogul hökmündäki atasyndan almaly patasyndan mahrum bolýar. Mukaddes Kitap Esawyň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý seredenligi hakynda gürrüň berýär, soňabaka kakasynyň patasyny ýitirendigine düşünip, Esaw diňe bir zat — özüniň ygtyýarlygyny ýitirenligi hakynda güýçli puşman edýär.
Esaw bütinleý iň esasy zatdan — öz durmuşynyň manysyna düşünmekden mahrum boldy. Bütin taryhyň soňunda hem Ýakubyň, hem-de Esawyň maşgala, ygtyýarlyk we maddy baýlyklar bilen patalanandyklary hakynda aýdylýar, emma Hudaýyň patalarynyň bu dünýäniň adama berip biljek ähli ýagşylyklaryndan hem üstündigine diňe Ýakup düşünip bildi.
Olaryň babalary bolan Ybraýyma Hudaýyň ýerdäki durmuşda patalanandygyna seretmezden, Ybraýym öz durmuşyny ýerdäki baýlyklara hyzmat etmeklige bagyş etmedi.
Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy.
Her bir mesihi adam Esaw bilen Ýakubyň arasyndaky duşmançylygyň manysyna düşünmelidir we her bir mesihi ata-ene öz çagalaryny bu ruhy söweşe taýýarlamalydyr.
Hudaý bizi Özüniň ýagşylyklaryndan peýdalanmagymyz üçin ýaratdy. Munuň üçin Ol bize özümiziň päk ynsaply zähmetimiz bilen jemgyýete hyzmat edip, özümiziň iş abraýymyz hakda alada etmek ukybyny berdi. Ol biziň köplerimizi ýanýoldaş bilen, bagtly nika we täsin çagalar bilen patalamagy isleýär. Ol biziň ýanymyzda bolup, bize öwretmegi, bizi ugrukdyrmagy we bize Öz merhemetidir söýgüsini aýan etmek isleýär. Biz özümiziň bar durkumyz bilen bu hakykata tarap ymtylýarys.
Bütin dünýäniň günäde ýatandygyna seretmezden, Hudaý bizi Özüniň günäleri ýuwmaklyk niýetiniň gatnaşyjylary bolmagymyza çagyrýar. Biziň maksadymyz mümkin boldugyndan adamlaryň köpüsiniň garaňkylygyň şalygyndan çykyp, yşygyň patyşalygynda berk kök urup bilmeklerine kömek etmekden ybaratdyr.
Emma bu ýerde gapma-garşylyk ýüze çykýar: gürrüň, ine, nämede, ýagny biziň Hudaýyň patalaryna, parahat, üstünlikli we täsin durmuşa bolan ymtylyşygymyz özümiziň taryhy maksatnamamyza we Hudaýyň özümizi çagyrýanynyň manysyna hemişelik duşmançylykda bolýandyr.
Haçanda Hudaý Nehemýany Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge çagyranynda, pygamber şu gapma-garşylyga duçar boldy. Nehemýa weýran edilen şähere gelen dessine berk garşylyga duçar boldy. Şeýle ýagdaýlarda Nehemýanyň nähili hereket edendigi hakynda bu söweşi beýan edýän aşakdaky surat gürrüň berýär:
Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdylar. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdylar. Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de, billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa, meniň ýanymda durdy.
Biziň we çagalarymyzyň Hudaýyň patalaryny almagymyz, durmuşda Onuň kömegi we Onuň ýolbaşçylygy arkaly üstünlikli bolmagymyz Oňa ýaraýandyr, emma şol bir wagtyň özünde, ruhy söweşiň meýdanlarynda Onuň Patyşalygyna özümiz üçin ýol gurýan esgerler hökmünde bizi görmegi Onuň üçin has-da ýakymlydyr.
Rebekanyň göwresindäki ekizler ýaly, biziň çagalarymyzyň her biri iki tarapyň: ýerdäki durmuşda üstünlikli bolmaklygyň we bütin ýüregiň bilen Mesihe hyzmat etmekligiň arasynda söweş alyp barmaly bolýandyr. Biziň borjumyz — bu söweşiň manysyny olara düşündirmek we parasatly deňagramlylygy tapmaga olara kömek etmekden ybaratdyr.
Biz nädip bu maksada ýetmeli? Bu kynçylykdan Yshak bilen Rebekanyň nädip baş alyp çykandyklaryna syn edeliň.
Ýakup ejesine gaty ýakyndy, Esaw bolsa kakasyna ýakyndy. Ýakubyň nowbahar ogul hökmünde Esawyň ornuny eýelejekdigini Hudaý Rebeka açdy; bu hakda bilip, Rebeka bu pygamberlige berk ýapyşdy we Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetmegini agtarmagy üçin Ýakuby yrmaga başlady.
Yshagyň nowbahar ogul hökmünde Esawa pata bermek isleýändigi sebäpli, ol Hudaýyň wadasy hakda aýalynyň aýdanlaryna ynanmady, we bu hakda çynlakaý oýlanmady. Edil ogly Esaw ýaly, Yshak hem şu pursat bolup geçýänler bilen gaty meşguldy. Esaw özüniň nowbahar ogullyk hakyny gyzyl nohut çorbasyna satypdy, Yshak bolsa pata bermeziniň öň ýanynda Esawyň nahar bermegini haýyş edipdi. Düşündirijileriň ençemeleriniň pikirlerine görä, Gelip çykyş kitabynyň awtory şu pikiri özüniň eseriniň beýleki ýerlerinde-de beýan edýär.
Yshak bilen Rebekanyň nähilidir bir garşygaşlyga baş goşup, her biriniň öz tarapyna çekýändigi ýaly duýgy döreýär: Yshak ýerdäki ýagşylyklary agtarýardy, Rebeka bolsa öz çagalary üçin Hudaýyň ýolbaşçylygyna ymtylýardy. Yshak bilen Rebeka Hudaýyň wadasyny ýatlarynda saklap, Onuň patalaryny agtarandyklaryna seretmezden, olar bu maksada ýetmek isleglerinde hatda Hudaýyň erki boýunça ýaşamaklygyň düzgünlerini hem bozdular: hile düzdüler, aldadylar we ýalan geplediler. Ahyrynda bu olar üçin kän kynçylyk döretdi.
Bu taryhdan çagalarymyzyň durmuşlarynda geňagramlylyga ýetip bilmegimiz üçin wajyp bolan sapagy alyp bolýandygyna men ynamlydyryn. Bu sapagyň mazmunyny biz Isanyň iň tanymal parzlarynyň birinde tapýandyrys:
Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Bu ýerde Isa bize hiç hili saýlaw hödürlemeýär (ýa-da — ýa-da), emma Hudaýyň Patyşalygyny we adaty durmuşy bir bagjykda ýatlaýar. Biziň öňümizde Yshak bilen Rebekanyň edişleri ýaly, öz çagalarymyzy bir nokatdan beýleki nokada eltmek maksady goýlan däldir. Bizden Hudaýyň bu söweşiň manysyny bilip, oňa düşünýändigini öz çagalarymyza düşündirmek talap edilýändir. Ol ýerdäki hezillikleri biziň şatlygymyz üçin döretdi we bagtly, miweli durmuş üçin Onuň patalaryny agtarmak islegini bize Onuň Özi berdi. Emma şol bir Hudaý biziň her birimizi Mesihiň Tenine çagyrdy. Ol muny biziň mundan beýläk hem Öz Patyşalygyny gurnamagymyz üçin etdi.
Biziň öňümizde, bir tarapdan, Hudaýyň yzyna eýerip, ähli ýerdäki ýagşylyklary ýitirmek we ikinji tarapdan, Hudaýy inkär edip, dünýäniň şatlyklaryndan hezillenmek ýaly saýlaw goýlan däldir. Eger biz bu ýalan düşünjäni öz çagalarymyza-de ýetirsek, onda olary dogry saýlaw etmek mümkinçiliginden mahrum edýändiris. Durmuşymyzdaky deňagramlylygyň tapylyp, söweşiň odunyň sönmezligi üçin biziň her birimize näme gerekdigini Hudaý bilýändir.
Iň esasy zat — bu çagalarymyza Hudaýyň Patyşalygyny agtarmaklygyň diňe bir ony gurmaklyk däl-de, eýsem Hudaýyň tebigatyna düşünmek arkaly, Oňa ýakynlaşmaklygy hem aňladýandygyny düşündirmekdir. Hudaýa doly ynanyp, Onuň ýollaryna eýermegimiz Onuň üçin has ýakymlydyr. Eger biz Oňa ynanyp, Onuň ýollaryna eýerýän bolsak, onda ahyrsoňy Onuň özümiz üçin taýýarlan iň oňadyna baryp ýeteris, bu oňatlykda bolsa kämil deňagramlylyk bardyr.
Eger Ýakup bilen Esaw Hudaýy agtaryp, bütinleý Oňa ynanan bolsadylar, onda olar Ondan bu oňatlygy alyp bilerdiler.
Maksat hiç haçan hem serişdeleri aklaýan däldir. Isleýänine islendik usul bilen ýetmek maksady bilen Ýakup ahlaksyz hereket etdi. Isa bize hakykaty, ýagny dogrulygy agtarmagy tabşyrdy. Günä we ynsabyň bilen ylalaşmaklyk bizi Hudaýdan we Onuň niýetlerinden daşlaşdyrýar. Toba dogrulygyň ýoluna dolanmaga kömek edýär, emma bu ýoldan asla çykmak gerekmi?
Çagalaryňyza Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny gözlemek hem-de Onuň aladasy üçin minnetdarlyk bildirmek üçin Hudaýdan kömek soramaklygy öwrediň. Özüňiziň nähili dileg edýändigiňiz, öz ýollaryňyzy nädip Hudaýa ynanýandygyňyz, kynçylyklaryňyzyň nädip çözülýändigi hakynda olara gürrüň beriň. Hudaýy ilkinji orunda goýup, Oňa akyldarlyk we maslahat üçin ýüzlenmek arkaly nädip kararlary kabul edýändigiňizi çagalaryňyza görkeziň. Goý, çagalaryňyz siziň nädip Hudaýyň patalaryna şatlanýandygyňyzy we ýerde baky durmuş hakyndaky pikirler bilen ýaşaýandygyňyzy görsünler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Hudaýa ýakynlaşmagyň iň ýönekeý we has dogry usulynyň hemişe ýagşy bilen ýamanyň arasynda dogry saýlaw etmeklikdigini çagalaryňyza düşündiriň. Ynsabyň bilen kiçijik ylalaşyga girmeklik hiç zat ýaly görünmegi mümkin, emma her bir täze ýol berme arkaly biz özümiz üçin Hudaýyň bellän ýolundan çykýandyrys. Nädogry saýlaw etmek bilen, Ýakup bilen Esaw özlerine çynlakaý kynçylyklary öz başlaryna aldylar. Haçanda biz dogry saýlaw edenimizde, bu biziň baky durmuşa bolan imanymyzy berkedişi ýaly, özümize Hudaýyň ýerde beren patalaryna dogry baha berip bilmek ukybymyzy hem artdyrar.
12-nji bap
Rebeka — akyldarlykdan jyda düşen terbiýeçi:
Özüniň söýgüli we kör bolup barýan adamsynyň Esawa nowbahar ogly hökmünde pata bermegi isleýändigini bilip, Rebeka bu patany Hudaýyň Ýakuba berjekdigi hakyndaky wadasyna seretmezden, Gelip çykyş kitabynyň gürrüň berýän dildüwşüklikleriniň iň täsinini oýlap tapýar.
Ýakubyň öz dogany Esaw ýaly tüýlek bolmandygy sebäpli, Rebeka Ýakuba doganynyň iň oňat geýimlerini geýdirýär, «tüýleklilik» duýgusyny döreder ýaly, ellerini we boýnuny geçiniň ýüňi bilen dolady. Onsoň ýalan arkaly pata almagy üçin, kakasyna özüniň Esawdygyny aýdyp, aldamagy buýurdy.
Bu ýerde Bilgam we onuň geplän eşegi baradaky geň taryh ýadyňa düşýär. Ysraýyla nälet indermek üçin mowaplylar Bilgamy ulanmak islediler, emma Bilgam özüne diňe Hudaýyň aýdan sözlerini aýdyp biljekdigini aýdýar. Bilgamyň pul üçin işländigine we Mukaddes Kitabyň ony dogry adam hökmünde suratlandyrmaýandygyna seretmezden, ol nälet sözlerini hiç-de aýdyp bilmedi. Üç gezek ol muny etmäge synanyşdy we üç gezek hem özüne erk edip bilmän, pata bermeli boldy.
Men bu taryhy ine näme sebäpli ýatlaýaryn: eger Hudaý Ýakuba pata wada beren bolsa, onda ol patany diňe onuň özi alyp bilerdi ahyryn. Munuň üçin Rebekanyň hilesi we erbet maslahatlary asla gerek däldi. Eger Hudaý wada beren bolsa, onda Ol Yshagyň aýtjak sözlerini däl-de, başga sözleri onuň agzyna ýeňillik bilen salyp bilerdi.
Çagalarymyza maslahatlar bermek bilen, biz muny uly jogapkärçilik bilen etmelidiris. Çagalykda biziň her birimiz jogapkärçiliksiz maslahatlaryň ençemesini alandyrys, soň bolsa çykgynsyz ýagdaýlarda bir wagtlar özümiziň alan erbet tejribämizi ulanyp, biziň özümiz erbet maslahatçylar bolduk. Yshaga durmuşa çykmazyndan ozal, Rebeka ýalançy we hilegär kimin tanymal bolan özüniň dogany Labanyň öýünde ýaşapdy.
«Ýüz-gözüňi oýnatma, bolmasa şeýle-de galarsyň» diýen maslahaty eşidip, biz köplenç gülýändiris, çünki munuň bary-ýogy degişmedigini bilýändiris. Eger mamalaryň gybatlaryny we gürrüňlerini ýa-da özümiziň ynamly bolmadyk zatlarymyzy hakykat hökmünde kabul edýän bolsak, onda Hudaýyň öz üstümize goýan borjuny — çagalarymyza öz durmuşlaryny hakykatyň esasynda gurmaklygy öwretmekligi inkär edýändiris.
Haçanda siziň ogluňyz mekdep deň-duşlarynyň biri bolan bir garagolyň özüne azar berýändigini gürrüň berende, sizi duýgular doldurýar we siz barlanylan serişde bolan fiziki güýji ulanmaklygy maslahat bermek synagyna düşýänsiňiz. Emma sabyrly bolmaga synanyşyň, ilki bilen bu ýagdaý hakynda oňatja oýlanyp, ol hakda dileg ediň, çünki bu ýol Hudaýa ýaramaýan bolsa, ýagdaý diňe beterleşip bilýändir. Öz çagalaryňyza Hudaýyň erkine garşy çykýan maslahatlary näçe kän berdigiňizçe, şonça-da siziň dogry maslahatlaryňyza olaryň gulak asmaklary kyn bolýandyr.
Men bir zady berk özleşdirdim: öz pikirimi näçe kän özümde saklap, çagalaryma Mukaddes Kitabyň diýýänlerini gürrüň berdigimçe, olar meniň maslahatlaryma şonça-da oňat gulak asýarlar, düşünýärler we olar boýunça ýaşaýarlar. Bir wakany ýadyma salýaryn: bir gezek özümiň üç ýaşly gyzyma men durmuş düzgünleriniň birini lapykeçlik bilen düşündirmäge synanyşdym, galyberse-de, ony men gyzym düşünip biler ýaly görnüşinde etmäge synanyşdym. Emma näçe synanyşsam-da, ol muňa düşünmeýärdi. Şonda men Mukaddes Kitap hakynda oýlandym we onuň dilinde gyzym bilen gürleşmegi makul bildim. Men rahatlygy saklamaga synanyşdym, çünki meniň pikirimçe, eger gyzym meniň diýýänlerime düşünmeýän bolsa, onda Mukaddes Kitabyň sözlerine asla düşünmez. Emma başga saýlaw ýokdy. Mukaddes Kitapdan okanlarymy oňa düşündirip ýetişmänkäm, gyzym ýylgyrdy. Ol baryna dessine düşündi we okanlarymyň manysyny maňa-da düşündirip, oýnamak üçin ylgap gitdi. Şondan soň men Hudaýyň Sözüniň güýjüne we onuň öz çagalarymyň pikirlenişine ýolbaşçylyk edip bilmek ukybyna şübhelenmedim. Bu hemişe şeýle bolmady, emma men Hudaýyň akyldarlygynyň we Onuň durmuş ýagdaýlaryny düşündirmegiň serişdeleriniň meniňkiden elmydama hem oňat we kämildigi hakyndaky maslahatyny kabul etdim. Onuň Sözi bolsa has täsirlidir.
Haçanda çagalaryňyza bir zatlary düşündireniňizde, şu usuldan peýdalanmaga synanyşyp görüň — eger çagalar bilen gürrüňdeşlikde Mukaddes Kitapdan bir aýat siziň ýadyňyza düşýän bolsa, ony öz içiňizde saklamaň. Eger-de kesgitli ýagdaýlar hakda Hudaýyň Sözüniň näme diýýändigini bilmeýän bolsaňyz, onda çagalaryňyza Hudaýyň Kitabyndan peýdalanmagy öwretmek üçin sizde täsin mümkinçilik bardyr. Bu Kitapda bolsa ähli durmuş soraglaryna jogaplar bardyr.
Gaty gyzykly, eger Rebeka özüne Hudaýyň beren wadasy hakda Yshaga ýöne aýdan bolsa, onda näme bolardy? Eger adamsy Esawa pata bermäge synanyşanynda-da, Hudaýyň erkiniň barybir ýerine ýetjekdigini Rebeka aýdanda, näme bolardy? Bu bütin maşgalany geljekki betbagtçylyklardan azat ederdi…
Siziň öz çagalaryňyza berip biljek iň akylly maslahatyňyz — bu Hudaýyň Sözünden alnan maslahatdyr. Eger öz öýüňize belanyň gelmän, onda parahatlygyň höküm sürmegini isleýän bolsaňyz, onda hut şeýle maslahatlary bermegi özüňiz üçin endik ediň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ne siziň, ne-de meniň Mukaddes Kitaby gaty oňat bilip, gerekli ýagdaý üçin Hudaýyň maslahatyny dessine tapyp bilmeýändigimiz bizi birleşdirýändir. Eger siz bu hakda Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini bilmeseňiz ýa-da umuman näme hakda gürrüň gidýändigini bilibem, gerekli aýatlary nirede gözlemelidigini bilmeýän bolsaňyz, onda çagalaryňyza Mukaddes Kitap üçin sözlüklerden peýdalanmagy öwrediň we muny olar bilen bile ediň. Eger sizde şunuň ýaly Mukaddes Kitap sözlükleri bolmasa, onda olary satyn alyp, çagalaryňyzyň geljegine uly bolmadyk goşant goşmagyňyzy maslahat berýärin. Harp görkezijisinden başlamak gaty oňat bolar (hili oňat okuw gollanmalarynyň köpüsinde şeýle görkeziji kitabyň soňunda ýerleşdirilendir). Emma men size
13-nji bap
Ýakup boýunça çagalary terbiýelemek:
Öz terbiýämizde ata-enelerimiziň goýberen ýalňyşlyklary hakynda biz adatça özümiziň uly ýaşa ýetip, ata-eneler bolanymyzdan soň bilýändiris. Şonda biziň alnymyzda saýlaw durýar: ýa-da oýlanmaly, dileg etmeli, dogry maslahaty okap, ony agtarmaly, ýa-da ýalňyşlyklary gaýtalamaly.
Gynansakda, Ýakup hem kakasy Yshagyň ýalňyşlygyny gaýtalady. Ýadyňyzda bolsa, Yshak Esawa pata bermegi saýlamagy bilen nädogry hereket edipdi. Özüniň nämelerden geçmeli bolandygy hakynda oýlanyp, ýadyna salmagyň deregine, Ýakup hem öz çagalary bilen gatnaşyklarynda şol öňki düzgüni esas hökmünde ulandy.
(Temadan daşary düşündiris: ata-eneleriň ýalňyşlyklarynyň miras alynýandygyny bilip, çagalarymyzyň öňlerinde kabul eden nädogry çözgütlerimizi boýun alyp, ötünç soramak artyk bolýan däldir. Soňundan bolsa, nädip dogry hereket
Ýakubyň daýysy öz hileleri bilen ýagdaýy kynlaşdyrdy: ol öz gyzy Leýa Ýakuby öýlenmäge mejbur etdi, emma ahyrsoňy Ýakubyň güýçli söýüp, öňden bäri aýallyga almak islän Rahele öýlenmegine razylyk berdi. Leýany Ýakup söýmeýärdi. Galyberse-de, Rahel Ýakubyň garran çagynda, oňa Ýusup we Benýamin atly ogullaryny dogrup berdi. Öz roluny ata-enesiniň hem mysaly oýnady… Netijede Ýakup bar söýgüsini Raheliň ogullaryna gönükdirdi.
Ýusubyň kakasynyň patasyny alandygyna seretmezden, durmuşda ol kän üstünlige eýe bolmady, çünki kakasynyň söýgüsiniň netijesi doganlarynyň ony ýigrenmekleri we oňa göripçilik etmekleri boldy. Ahyrynda bularyň bary gaýgyly netijä alyp bardy: doganlary Ýusuby gulçulyga satdylar, özleriniň garry kakalaryna bolsa, ogluny ýyrtyjy haýwanlaryň parçalandygyny aýtdylar.
Emma Ýakup Raheliň çagalaryna bolan aýratyn gatnaşyklary bilen çäklenmedi; ol edil goýunlary geçilerden ýa-da eti bölüşdirişi ýaly, öz çagalaryny dürli-dürli toparlara böldi.
Haçanda Ýakup öz maşgalasy bilen ýigrimi ýyllyk aýralykdan soň öýüne dolanyp gelensoň, dogany bilen duşuşyga çykanda, özüne garşy gelýän dört ýüz adamly Esawy görüp, ol gorka düşýär. Şonda Ýakup birden hüjüm ediläýmegi mümkin diýip gorkup, ilki bilen öz gyrnaklaryny we olaryň çagalaryny öňe goýberýär; onsoň — özüniň söýmedik aýaly Leýany we onuň yzy bilen çagalaryny goýberýär; ahyrynda bolsa — Raheli we onuň çagalaryny — beladan daşrakda goýberýär (Gelip çykyş 33:1–2 seret). Ilkinji iberilen aýallardyr çagalaryň näme duýandyklaryny göz öňüne getirip görüň!
Biz öz çagalarymyza bolan hereketlerimizi we gatnaşyklarymyzy hemişelik bolmadyk duýgular esasynda däl-de, şertsiz söýgi esasynda gurmalydyrys. Käwagtlar bir zatlarda özümizi ýatladýanlara, käwagtlar bolsa özümize has ters gelýänlere ýa-da has zähmetsöýer we hyjuwly bolanlara, ýa-da özümize hiç hili kynçylyk bermeýänlere has uly söýgi duýýandygymyz tebigydyr. Eger biz öz duýgularymyzyň ýagdaýlara baglylykda üýtgeýändiklerine üns beren bolsak, diýmek, hemmelere deň söýgi görkezip bilmek meselesinde öz üstümizde işlemelidiris.
Eger siziň maşgalaňyzda ogullyga ýa-da gyzlyk alnan çagalar bar bolsa, onda öz çagalaryňyza ýakyn bolmaklygyň tebigy duýgularyna seretmezden, siz öz hereketleriňizde hakyky söýgüden ugur almaga borçlusyňyz, çünki diňe şeýle şerti ýerine ýetireniňizde, siz maşgalaňyzyň ähli agzalaryna deň derejede seretmäge öwrenip bilýänsiňiz. Ýakup saýlama ýagdaýda söýenligi üçin günäkärdir (başgaça aýdanymyzda, onuň söýülýänjeleri bardy), diňe duýgularyna daýanyp hereket etdi, çagalarynyň käbirlerini beýlekilerinden aýratyn etdi… Netijede bu bütin maşgala üçin bela getirdi.
Doganlarynyň günäkär bolmaklaryndaky ençeme sanly ejirlerinden soň, Ýusubyň öz maşgalasynda söýülýänjeler meselesinde ýalňyşlyk goýbermändigini ýatlamak ýerliklidir:
Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Ulusy, ine, budur — Manaşedir. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşäniň başyna goýjak boldy.
Kiçi ogluny kakasynyň nowbahar ogul hökmünde bellejek bolýandygyny görüp, Ýusup haýal etmän ara goşulýar we diňe Ýakubyň özüne Hudaýyň geljegi açandygyny gürrüň bereninden soň köşeşýär. Bu gezek Ýakubyň hereketi söýülýänjeler düzgüni boýunça däl-de, Hudaýyň niýeti boýunçady.
Hudaý biziň çagalarymyzyň her birini täsin edip, özleriniň şahsy aýratynlyklary bilen gaýtalanmajak şahsyýetler edip ýaratdy, olaryň her birleri dürli synaglardan geçmelidirler, olaryň her birleri üçin aýratyn ykbal taýyn edilendir. Muňa garamazdan, her bir çaga — hem oňatlary, hem-de erbetleri — ata-eneleriniň üýtgeýän keýpiköklüklerine seretmezden, biziň şertsiz söýgimize we aladamyza hemişelik hukuklary bardyr.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalaryňyzyň ählisiniň deň derejede siziň ata-ene söýgüňizi duýmaklary üçin, hemmesine deň derejede üns bermelisiňiz. Şu günüňiz nähili geçdi diýen sorag bilen otaga girip, kiçi çagalaryň birini gujaklamagyňyz bilen, beýlekilere-de üns bermegi ýadyňyzdan çykarmaň. Haçanda «kiçijik ata-ene patalaryny» paýlanyňyzda, deňlik düzgünini bozmazlyga synanyşyň — mysal üçin, çagalaryňyzyň birine uzak wagtlap maşynyň öňki oturgyjynda beýlekilerden köp wagtlap oturmagyna rugsat bermäň, kimbir birine bolsa beýlekilerden kän süýji satyn almaň. Kesgitli «adalatlylyk kada-kanunlaryna» eýermelisiňiz: maşynyň öňki oturgyjynda oturmagyň nobatyny düzüň; futbol türgenleşiginden soň çagaňyza süýji satyn almagyňyz bilen, öýde galanlary üçin hem hökman satyn alyň; ähli çagalaryň bilelikdäki işe gatnaşanlaryndan soň, sowgatjyklary hemmelerine deň paýlamagy ýadyňyzdan çykarmaň we ş.m. Çagalaryňyzyň haýsydyr birine öz söýgiňiziň beýlekilerinden kän möçberde berilmegine ýol bermäň. Goý, «söýginiň deň derejede aýan bolmagy» siziň üçin esas bolsun.
14-nji bap
Ýakubyň on iki ogullary:
Çagalary terbiýelek meselesinde dünýä garaýyşlaryň köpdügi neneň haýran galdyryjy! Haçanda bir zatlary özgertmäge güýjümiziň ýetmäninde, olara aň ýetirmän ýüzlenýändigimiz bolsa ondan hem haýran galdyryjydyr.
Çagalygymda meniň bir dostum bardy. Ol bir gezek başga bir oglanyň kellesine urdy welin, ol oglan haýatyň üstünden uçup gitdi! Haçanda ejir çeken oglanyň ejesi ýenjilen ogluny göwne degen oglanyň ejesiniň ýanyna alyp gelip, jeza berilmegini talap etmäge başlanda, meniň dostum özüne nämäniň garaşýandygy hakynda oýa batyp, çynlakaý gorkdy. Haçanda onuň ejesi ýuwaşja: «Näme diýeýin, oglanlar — hemişe-de oglanlardyr» diýip aýdanda, onuň ýagdaýy gaty ýeňilledi.
Ýakubyň öz ogullarynyň garagolluklaryna has başgaça jogap berendigi gaty gowy boldy. Haçanda olaryň gyz doganlary zorlananda, göwne degeniň maşgalasy kesgitli bahany töläp, nika gurmagy teklip etdi. Entek Ýakup meseläni çözmäge synanyşýarka, onuň ogullary özleriniň hususy meýilnamalaryny oýlap tapdylar. Olar toýa çenli şol şäheriň ähli erkekleriniň sünnet edilmeklerini talap etdiler. Ol şäheriň hiç zady güman etmeýän ýaşaýjylary ýagdaýy düzetmek üçin özleriniň nähili gurban bermäge taýyndyklaryny görkezjek bolup, bu şerti kabul etdiler. Emma haçanda sünnetiň yzasy geçmänkä, Şimgon bilen Lewi ol şäheriň üstüne hüjüm edip, ähli erkekleri öldürdiler, onsoň Ýakubyň beýleki ogullary bilen şäheriň ähli zatlaryny ogurladylar, aýallar bilen çagalary bolsa gulçulyga äkitdiler.
Oglanlar hemişe oglanlarmy? Ýok. Ýakup olary berk käýedi. Birnäçe ýyldan soň ölüm ýassygynda ýatanynda, Ýakup bu iki jenaýatça şu sözleri aýdýar:
Şimgon we Lewi dogandyr bular, Gylyçlaryny zalymlyk etmek üçin ulanýandyr olar, Gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, Goşulmaýyn men olaryň toparyna, Çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, Keýpihonlukda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar. Nälet bolsun olaryň gahar-gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, Nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, Men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, Men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn.
Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmagy bilen aýdylan Ýakubyň bu sözlerinde häzirki döwrüň oglanlarynyň ata-eneleri bolan biziň üçin çagalarymyzy terbiýelemegiň programmasynyň berlendigi gaty täsin. Geliň, oňa tapgyrlaýyn syn ediliň.
Ilki bilen, bu iki ýaş ýigitleri Hudaýyň bir bütewilige bagly edýändigini belläp geçeliň, çünki olar bir-birlerini ruhlandyryp we goldap, özleriniň jenaýatçylygyny bilelikde oýlap tapdylar we bilelikde hem hereket etdiler. Dostlarymyzyň özlerine dost edinmek meselesinde olara biziň kömek etmegimiz gaty wajypdyr. Kim bilen gatnaşyk edýän bolsak, şoňa-da meňzeş bolýandygymyzy biz çagalarymyza düşündirmelidiris (Süleýmanyň tymsallary 13:20 seret). Şonuň üçin hem çagalarymyz diňe Hudaýy söýüp, töwerekdäkilere oňat täsir edýänler bilen dostlaşmalydyrlar.
Mukaddes Kitap gylyç götermegi höküm etmeýär, emma ony zorluk ýaragy üçin ulanmaklygy gadagan edýär. Kanunyň ygtyýarlygy, adalatlyk we hatda özüňi goramaklyk — Mukaddes Kitabyň taglymatydyr. Rimlilere ýazylan hatda häkimiýet, goşun, polisiýa, kazyýetler we ş.m., şeýle-de, jenaýatçylygy basyp ýatyrmak üçin olaryň ulanýan ygtyýarlyklary Hudaýyň adalatlygynyň bir bölegidigi hakynda aýdylýar.
Isanyň ýaňak hakda aýdan hemmelere tanyş bolan: «Bir ýaňagyňa urana ol ýaňagyňy-da tut» diýenine biz nähili seretmeli (Luka 6:29)?
Isa bizi ar alyjy duýgudan, muzdy gözlemekden seresap etmek we göwnümize degeni söýmelidigimizi düşündirmek isledi, emma bu biziň goragsyz bolmalydygymyzy aňlatmaýandyr. Mukaddes Kitap bize Isanyň hem ýaňagyna urlandygy hakynda gürrüň berýär, ýöne Ol muny ünssüz galdyrmady — ýerinden turup, garawulyň hereketini höküm etdi, emma şunuň bilen birlikde ar almagy agtarmady:
Ar almagyň we zorluk etmegiň meýilnamalaryny düzýänlere biz gulak asmaly däldiris, olaryň işlerine-de gatnaşmaly däldiris. Ýakubyň bir oglunyň beýlekileri hem özüniň günäli pikirlerine eýerdendigi mese-mälim. Betbagtlyklardan gaça durmagyň iň oňat usulynyň wagtynda haram işleri taýýarlamakdan gaça durmaklykdygyny çagalaryňyza düşündiriň. Beýleki oglanlaryň ýumruklaşyk, ar almaklyk ýa-da zorluk hakynda gürrüň edýändiklerini eşidenleri dessine, olar şeýle jemgyýeti taşlap gitmelidirler. Muny hemişe erjellik bilen çagalarymyza gaýtalamalydyrys, bolmasa olara öz ynsaplary bilen ylalaşyga girmek synagy abanar, her bir kiçijik ylalaşyk bolsa has uly ylalaşyklar üçin ýoly açyp bilýändir.
Biz öz çagalarymyza gaharyň tebigatyny düşündirip, oňa ýolbaşçylyk edip bilmegi öwretmelidiris. Mukaddes Kitap bize:
Hudaý bize haýwanlary iýmit hökmünde berip, olar bilen oňat gatnaşyk etmegi buýurdy. Biz öz çagalarymyzda islendik janly-jandara hormat duýgusyny terbiýelemelidiris. Olaryň biriniň bir mör-möjegiň aýagyny aýyrýandygyny görüp, biz janly-jandaryň janyna hormat goýmagy öwretmek üçin ara goşulmalydyrys. Elbetde, eger nähilidir bir haýwan siziň özüňiz, maşgalaňyz ýa-da öýüňiz üçin howp bolýan bolsa, onda ýeke-täk çykalga — bu ol haýwany öldürmekdir. Ýöne islendik jana bolan hormat duýgusynda terbiýelenen adam mundan hiç hili lezzet alýan däldir.
Ýakup adaty gahary däl-de, gazaba öwrülýän gahary göz öňünde tutýar. Adamlaryň öz jenaýatlyklaryny saklap bilmedik gaharlary bilen aklaýandyklaryny biziň haýsymyz eşitmedik? Hut şunda biz özümize Hudaý tarapyndan sowgat berlen gahar duýgusyna ýoýulan düşünjäniň nädogry mysalyny görýäris. Biziň hemişelik hemralarymyz akyldarlyk we öz-özüňe gözegçilik etmeklik bolmalydyr. Gahar jenaýaty aklaýjy bolup hyzmat edip bilýän däldir. Gynansak-da, köplenç gödeklik, erjellik we gaharjaňlyk hakyky erkeklik häsiýeti we kynçylyklardyr gapma-garşylyklary çözmegiň serişdesi hasaplanýar. Kiçi çagalarda hem erk edilmedik gaharyň pürkülmesi hem peýda bolýar. Olaryň şeýle gaharlary barlag astynda bolman, gazap we gödeklige geçip bilýändir. Kiçi ýaşlaryndan başlap, ogullarymyza hakyky erkekleriň şeýle hereket etmeýändiklerini düşündirmelidiris. Olarda özlerine erk edip bilmekligi ösdüriň. Gahar gapma-garşylyklary çözmegiň açary bo lup bilýän däldir — ol diňe ýagdaýy kynlaşdyrýandyr (Süleýmanyň tymsallary 29:22 seret). Hakyky erkek öz duşmanlaryna gödek bolýan däldir, tersine, ol olara rehim-şepagatlyk bildirýändir. Şeýle häsiýet üçin bolsa gahardan doly bolan ýürekde orun ýokdur (Ýakup 1:19–20 seret).
…
Hudaý geljekki nesillere duýduryş hökmünde şeýle adamlara Özüniň gazaply hökümini çykarýandyr. Olaryň nesilleri dargadyldy we wada berlen ýurtda ýer almadylar, çünki olaryň özlerini alyp baryşlary adama mynasyp däldi.
Eger oglanlara hakykaty öwretmeseň, olar oglanlar bolmagyna-da galýandyrlar. Diňe hakykat bilen ýaraglanyp, olar hakyky erkekler bolup bilerler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ähli ata-eneler hem ogullarynyň «mäkäm», gödek bolan gyzyklanmalary, ýagny güýjüň islendik aýan bolmagy bilen iş salyşmaly bolýandyrlar. Söweşler, uruşly filmler, zorluk yglan edilýän multfilmler, gylyçlar, oýunjak ýaraglar we gahrymanlar — bularyň bary biziň ogullarymyzda urşujy duýgyny döredýändir. Şonuň üçin hem her bir ata-ene araçägiň nireden geçmelidigini bilmelidirler.
Çagalaryňa «gylyç» bilen (onuň astynda kanun, adalatlylyk we özüňi goramak göz öňünde tutulýar) «zorluk ýaragynyň» (gödekligiň, ar almaklygyň we agyry ýetirmekden hezillenmegiň) arasyndaky tapawudy düşündiriň. Kinofilmleriň, telegepleşikleriň, multfilmleriň, kitaplaryň we wideooýunlaryň akymynda çagaňyzyň ugur tapyp bilmegine kömek ediň. Olaryň ýüregi «gylyç» tarapa ymtylýarmy ýa-da «zorluk ýaragy» tarapa?
15-nji bap
Ybraýym, Yshak we Ýakup:
Özüniň «Patadaky durmuş» atly kitabynda meniň dostum doktor Jon Trent özüni oýlanmaga mejbur eden Mukaddes Kitap ylhamy nädip öz durmuşyny, hyzmatyny we maşgalasyny bir gezek we hemişelik özgerdendigi hakynda gürrüň berýär.
1970-nji ýyllaryň ahyrynda Jon psihiatrik keselhanasynda işläpdir we onuň aýdyşyna görä, her gezek ol nobata girişmek bilen,
Bir gezek ol Gelip çykyş kitabynyň 27-nji baby boýunça Mukaddes Kitap sapagyna taýýarlanýan wagtynda, Ýakup bilen Esawyň kakasynyň patasyny almak ugrundaky garşydaşlyklaryny beýan edýän waka üns berýär. Mukaddes Kitabyň sahypalaryndan Esawyň ýüregiňi ýaryp barýan haýyşy eşidilýär:
Esaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady.
Esawyň şu sözlerinde Jon bütin ömür özüne hem azar berip gelen sesi eşidýär. Näçe gezek ol kakasynyň patasyny agtarypdy, emma bar synanyşygy biderek bolupdy. Şu ýerde onuň kellesine şeýle pikir gelýär, ýagny Esawyň dady-perýadynda eşidilen agyry bilen psihiatrik keselhanada özüniň günde eşidýän durmuş taryhlary doly.
Biziň barymyz söýgä we kabul edilmäge mätäçdiris. Bu talap bize edil Hudaý bilen we töwerekdäki adamlar bilen gürrüňdeşligiň şerti hökmünde Hudaýyň Özi tarapyndan berlendir. Muny biz diňe ata-enelerimiziň patalary we goldawlary arkaly öwrenip bilýändiris.
Gynansak-da, bu günäli dünýäde çagalaryň köpleri bu talabyň kanagatlanmasyny asla duýman ulalýarlar, netijede olar öz çagalaryna bolan gatnaşyklarynda edil öz ata-enelerine meňzeş bolýandyrlar. Şonuň üçin hem biziň köpümiz ýüregimizdäki agyryly boşluk bilen ýaşaýandyrys.
Ybraýym, Yshak we Ýakup ölümlerinden ozal çagalarynyň diňe käbirlerine pata berdiler, ýöne Gelip çykyş 26:4-de Hudaý ähli halklaryň Ybraýymyň nesli hökmünde pata aljakdygy hakynda wada berýär. Biziň üçin ölen Isa zerarly, Oňa gelen her kişi Hudaýyň şertsiz söýgüsiniň we kabul etmesiniň huzuryna girýändir.
Bu pata Hudaýyň bagyşlamasy bilen çäklenmeýär, çünki Isanyň ölümi arkaly biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyz diňe bir dikeldilmän, eýsem ýüregimizde ýaşaýan Mukaddes Ruhuň täsiri astynda, bize hakykatdan söýüp, beýlekileri kabul etmek ukyby berilýändir. Şeýlelikde, biz bu «patasyz» tegelegi üzüp, çagalarymyzy dökülip daşýan söýgüde we mähirlilikde terbiýeläp bilýändiris. Şeýle bolanda, çagalarymyz bu patanyň baýlygyny öz çagalaryna-da geçirip bilerler.
Jon Trent patanyň bäş düzümini belläp geçýär:
1.
2.
3.
4.
5.
Mesihde biz Ybraýymyň «tohumy» we Hudaýyň wada beren patalarynyň mirasdarlarydyrys. Çagalarymyza pata bermek üçin, biz özümiziň ölüm ýassygymyza garaşmaly däldiris — biz olaryň her birlerini günbe-gün patalap bileris. Şeýdip, ýüreklerinde Esawyň dady-perýadynyň eşidilen elhenç boşluk we agyry bolmadyk nesli terbiýeleýändiris.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalaryňyza pata berip, şu yzygiderliligi saklaň. Muny wagtal-wagtal ediň!
1. Öz söýgiňizi eliňizi degirmek arkaly beýan ediň.
2. Ruhlandyryjy we goldaw beriji sözleri aýdyň.
3. Çagalaryňyzyň özüňiz üçin gaty gymmatdyklaryny aýdyň.
4. Olaryň täsin geljeklerini beýan edýän suratlary çekiň.
5. Öz çagalaryňyzyň durmuşlarynda patalaryň hakyky bolmaklary üçin eliňizden gelenini ediň.
Bellik. Men siziň dokrot Jon Trentiň kitaplaryny okamagyňyzy maslahat berýärin. Meniň şu kitabymda getirilen onuň pikirleri we syn etmeleri — onuň ähli işlerinden alyp boljaklarynyň diňe ujypsyzjasydyr. «Patadaky durmuş» kitabyndan alan böleklerim ýazaryň rugsady bilen getirildi.
16-njy bap
Kiçijik Musa we onuň ejesi:
Hudaý dilegleriňize jogap berende, size ýaraýarmy? Musanyň ejesi ogluny ähli erkek jynsly ýewreý çagalaryny öldürmeklik buýrugyny alan müsür esgerlerinden gizledi. Ahyrsoňy, haçanda çagany mundan beýläk gizlemäge mümkinçiligiň bolmanynda, ol aýal geň bir meýilnama düzdi: öz çagasyny sebede salyp, ony Nil derýasynyň akymy ugruna goýberdi. Özüniň bu niýetini amala aşyrmazyndan ozal bu aýalyň dileg edip, baryny Hudaýyň maslahaty bilen edendigine men şübhelenmeýärin, çünki Hudaýyň gatnaşmagy bolmasa, beýle meýilnama şowsuzlyga duçar bolaýmalydy.
Ejesi sebedi kenaryň ýakasyndaky gamyşlygyň içinde goýup, Musanyň uýasy Merýemiň uzakdan durup sebede syn etmegini buýurdy. Hut şol pursat fyrownyň gyzy suwa düşünmek üçin derýa geldi. Ol çagany tapyp, ony özüne galdyrmagy makul bildi. Şol pursat çaganyň uýasy gizlenýän ýerinden çykyp, özüniň çaga üçin eneke tapmagyny fyrownyň gyzyna teklip etdi.
Şeýdip Musa öýüne dolanyp geldi, onuň ejesi üçin bolsa indi ony gizlemek gerek däldi. Hatda öz çagasyna seredýändigi üçin ol günde pul hem alýardy. Bu dogrudanam dilege berlen jogap!
Köplenç bolşy ýaly, Hudaý Musanyň ata-enesiniň durmuşlarynda duýdansyz öwrüm etdi. Çagalygynda oglan gerek bolan aladany we kömegi aldy, emma soňy bilen ol fyrownyň gyzynyň ygtyýary astyna düşmelidi we şondan başlap onuň terbiýesi we bilim almagy hökümdaryň köşgünde amala aşyryldy.
Musanyň fyrownyň köşgüne göçenine çenli, onuň näçe wagtlap ata-enesiniň öýünde bolandygy hakynda Mukaddes Kitap hiç hili habar bermeýär. Resullaryň işleri kitabynyň 7-nji babynda Musanyň üç aýlyk ýaşynda tapylyp, fyrownyň gyzy tarapyndan ogullyga alnandygy hakynda Stefanus aýdýar. Şondan soň Musa uzak waglap öz ejesi bilen bolýar, ejesi ony gorap, terbiýe berýär.
Musa ulalanda, Fyrownyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi.Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy.
Musanyň ata-enesiniň öýünde öwrenenleriniň bary, ata-enesiniň oňa Hudaý, öz ynamlary we halky barada aýdanlary Musa fyrownyň köşgüniň ajaýyplygyndan we şol ýerde alan bilimlerinden ençeme esse kän täsir etdi. Diýmek, Musa üç aýlykka kakasynyň öýüni taşlandygy ynamsyzdyr.Ähtimal, bu onuň üç-bäş ýaşlarynda bolup geçendir.
Köp sanly barlaglar çaganyň ilkinji ýyllarynda öwrenenleriniň onuň şahsyýetine galan beýleki ýyllarda alan tejribe we bilimlerinden has çuňňur täsir edýändigi hakynda şaýatlyk edýär.
Düzgün bolşy ýaly, bizde çagalygy hakynda anyk ýatlamalar ýok, ýöne biziň şu günki alýan täsirlerimiz we maglumatlarymyz özümizi bilmedik wagtymyzdaky esasyň üstüne goýulýandyr. Şonuň üçin hem doglan gününden başlap hakykata öwredilen çaga geljekde biljek zatlarynyň baryny şol hakykat bilen deňeşdirýändir. Netijede şahsyň emele gelýän ilkinji ýyllarynda goýlan esas gitdigiçe berkeýär. Süleýmanyň tymsallarynda şeýle diýilýär:
Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz.
Musanyň kabul eden çözgütlerine esaslanyp (ýokarda getirilen Ýewreýler 11:24–26 seret), ata-eneleriniň özleriniň ilkinji «sapaklarynda» oňa näme hakda öwredendiklerine düşünip bolýar: olar onuň kimdigini aýan etdiler (24-nji aýat), ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny düşündirdiler (25-nji aýat), Hudaýyň niýetine (26-njy aýat) we Onuň parzlaryny öwretdiler.
Şu mysaldan görelde alyp, biz hem öz çagalarymyza özlerini Hudaýyň söýýändigini we öz durmuşlary babatda Onuň täsin niýetiniň bardygyny aýan etmelidiris, dogry bilen ýalanyň tapawudyny görkezmelidiris, näme üçin hakykaty saýlamalydygymyzy, şeýle-de, Hudaýyň Öz Ogly Isa arkaly halas etme niýetini düşündirmelidiris.
Musa bu ýoluň dogry bolandygy üçin ony saýlady. Çagalarymyzyň diňe özlerini oňat alyp barmaklaryna ýetmek maksady bilen biz olara ýagşyny ýamandan tapawutlandyrmagy öwretmeli däldiris: ünsüň merkezinde Hudaýyň Sözüne laýyklykda dogry saýlaw edip bilmek ukyby bolmalydyr. Eger çaga sen erbet diýip aýdyberseň, ol muňa ynanar. Iň oňady — öz çagalaryňyzyň ýanynda bolup, islendik ýagdaýda (hatda eger siz çagaňyza özbaşdak nahar iýmegi öwredýän bolsaňyz hem)dogry hereket edip bilmeklerini olara öwretmekdir.
Eger siz çagalaryňyza bir zady etmelisi ýaly etmegi öwredýän bolsaňyz we öz talaplaryňyzda berk durýan bolsaňyz, onda olar hökman muny özleşdirerler. Eger olar başda bir zady bolmalysy ýaly etmeýän bolsalar (mysal üçin, çemçäni nädogry tutýar we ş.m.), bu asla gorkunç däldir. Çagalaryňyzy köpräk öwüň, öz öwüt-ündewleriňizde Hudaýyň adyny ýatlaň we haçanda olar dogry hereket edenlerinde, Onuň gaty hoşal bolýandygyny aýdyň. Hudaý bizi täsin sylag bolan öz çagalarymyz bilen patalady. Öz gezeginde, bu çagalarymyz biziň ýolbaşçylygymyza we kömegimize, nädip dogry hereket etmeli, nädip oňat işleri etmeli, nädip erbet we haram işleri etmeli däldigi hakyndaky maslahatlarymyza mätäçdirler.
Soňabaka men size çagalaryňyza Isanyň durmuşynyň taryhyny gürrüň berip, onuň manysy düşündirmäge başlamagyňyzy maslahat berýärin. Ýogsa-da, muny olaryň ýaşlygyndan başlamalysyňyz. Şeýle edeniňizde, siz ýuwaş-ýuwaşdan olara Hudaýyň halas bolma niýetini, Hudaýyň söýgüsi, patasy we göklerdäki baky durmuş baradaky hakykaty aýan edip bilersiňiz.
Başlamagyň hiç haçan hem giç däldigine seretmezden, eger biz Musanyň ata-enesiniň mysalyna eýerip, bu iş bilen mümkin boldugyndan ir meşgullanyp başlasak, onda çagalarymyzyň ruhy terbiýesini berk esasda goýup, bu ugurda çözgütli başlangyja eýe bolup bilýändigimize men ynamlydyryn.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalar logiki, duýgy we ýaşaýyş baglanyşyklaryna daýanyp, hakykaty bilýändirler. Bu diýmeklik, haçanda kiçijik çagalaryňyz siziň göwnüňize güýçli degenlerinde, siz bolsa mähir we sabyrlylyk bilen jogap berip, olary söýýändigiňizi aýdanyňyzda, olar söýginiň nämedigine düşünýändirler. Haçanda olar size agyry ýetirenlerinde, olary söýýändigiňizi görkeziň, şeýle-de, Hudaýyň ähli zada döz gelýän söýgüsi hakda olara gürrüň beriň we olar üçin dileg ediň. Bu öz durmuşlarynda Hudaýyň hemişe bardygyny bilmeklerine olara kömek eder. Dilegleriňiziň manylaryny çagalaryňyzyň kabul etmekleri ýeňil bolar ýaly, olary gysga we ýönekeý ediň.
17-nji bap
Merýem, Harun we Musa:
Merýem, Harun we Musa — bir maşgalada näçe sany meşhur çagalar! Musanyň ýalňyşlyklar edendigine seretmezden, ol ömrüniň ahyryna adamyň gazanyp biljek iň beýik öwgüsine eýe boldy — «Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär!». Harunyň altyn göle bilen baglanyşykly taryhyndaky meşhur «gahrymançylygyna» we Merýemiň Musa bolan igenjine seretmezden, Mukaddes Kitap Harun bilen Merýemi hem iň oňat ýagdaýda görkezýär (Çykyş 32; Sanlar 12 seret).
Merýem bu maşgalada ilkinji doglandy. Haçanda ol kiçijik doganyna seretmekde ejesine kömek edende, biz onuň bilen ilkinji gezek duşuşýarys. Ol biziň öňümizde özüňe erk edip bilýän, akylly, edermen we gerek wagtynda gizlenmeden çykyp, fyrownyň gyzyna çagany enekesi hökmünde ýehudy aýaly (öz ejesini) almagy teklip edip bileri ýaly, Mukaddes Ruhuň sesine jogap berip bilýän özüne ynamly gyz hökmünde görkezilýär.
Mukaddes Kitaba laýyklykda, Merýem Hudaýyň sesini eşidipdi, pygamber we ahyrynda Ysraýylyň serdarlarynyň biri bolan aýaldyr.
Ysraýylyň baş ruhanysy bolup hyzmat eden Harun ilkibaşdan Musanyň sag elidi. Ol azyndan iki gezek Hudaý bilen gönüden-göni gürleşdi, onuň ölümini bolsa Ysraýyl bütin bir aýlap aglady.
Iman gahrymanlarynyň bu üçüsiniň bir maşgaladan çykyşy nähili boldy?
Birinjiden, maşgalalarynda kyn ýagdaýlar bolan beýleki iman atalaryndan tapawutlylykda, bu üç çagalar (Musanyň üç ýaşyna ýeteninden soňky döwri hasap etmän) özleriniň ata-eneleriniň öýlerinde terbiýelendiler. Ikinjiden, Mukaddes Kitabyň beýannamasyna laýyklykda, ata-eneleri olary Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna bolan hyzmat ruhunda terbiýelediler. Gysgaça aýdanymyzda, olaryň maşgala taryhy häzirki maşgalalaryň köpüsinden kän bir tapawutlanmaýar.
Meniň pikirimçe, bu maşgalanyň tapawutlandyryjy häsiýeti «howbaharlyk düzgüninde» bolsa gerek. Ilki bilen, geliň, ata-ene jogapkärçiliginiň ösmeginiň Hudaýy nazaryna seredip geçeliň.
Men bir wakanyň şaýaty boldum. Iki çagany terbiýeleýän meniň dostum bir ýaş aýala öýlendi. «Azat garaýyşlara» eýerýän bu aýalyň durmuşynda hiç hili çynlakaý borçnamalary ýokdy we aladany talap edýän çagalary-da ýokdy. Meniň baý dostum bir uly jaýyň hojaýynydy we bu jaýyna ol özüniň täze aýalyny alyp geldi. Indi bu aýal aladasyz we azat durmuşdan iki kiçi çaganyň ejesi we giden hojalygyň hojaýyny, şeýle-de, adamsynyň aýaly roluna geçdi. Toýdan bir ýyl geçmänkä, onuň öz çagasy doguldy. Bu taryhyň soňy gaýgyly, ýöne öňünden aýdyp bolýan ýagdaý bilen gutardy: maşgalada näsazlyk boldy we nika dargady.
Hudaý Özüniň merhemeti bilen göwreliligiň dokuz aýyny kesgitledi. Bu döwürde geljekdäki maşgala sanynyň ulalmagy bilen bagly bolan jogapkärçilik duýgusy gowşak tolgunmadan has çynlakaý alada geçmek arkaly ösýändir. Ikinji çaganyň dogulmagy bilen jogapkärçiligiň derejesi artýandyr. Hudaýyň niýetine laýyklykda, maşgalalar ýuwaş-ýuwaşdan ösmelidirler we munuň bilen birlikde hemişe ata-ene jogapkärçiligi hem artýandyr.
Geliň, indi halypaçylygyň Mukaddes Kitap düzgüni hakda gürrüň edeliň. Uly ýaşly aýallar ýaş aýallara öwüt-ündew berýändirler; uly ýaşly erkekler ýaş erkeklere öwredýändirler; ökde ýolbaşçylar ýaş ýolbaşçylara maslahatlar berýändirler. Hut şu düzgün hem maşgala babatda-da dogrudyr: ata-eneler çagalaryna öwredýärler, uly çagalar kiçilere öwretmekde ata-enelerine kömek edýärler. Indi, haçanda biziň oýlanmalarymyzyň dogry esasy goýlanda, bu täsin «nowbaharlyk düzgüniniň» manysyny açmak mümkindir. Tä kiçi doganlary hakda alada etmek wagty gelip ýetýänçä, Hudaý Öz merhemeti bilen ilkinji çagany terbiýelemek üçin ýeterli wagt berýändir. Eger biz öz nowbahar çagamyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin bu wagty dogry ulansak we bütin ýüregimiz bilen bu gürrüňdeşligi agtarýan bolsak, onda diňe bir oňat ata-ene bolman, eýsem ilkinji çagamyzyň yzyndan ikinji we üçünjisi gelende, özümiziň ata-ene hyzmatymyzy ýeňilleşdirýändiris. Çünki birinji çaga özünden soňky doganlaryna görelde bolýandyr.
Görnüşi ýaly, Musanyň ata-enesi özleriniň ilkinji çagasy bolan Merýemi terbiýelemäge kän wagtlaryny bagyş edip, oňa hakyky imany düşündirmek üçin güýçlerini aýamadyk bolsalar gerek. Netijede olar oňat miweler ýygnadylar. Biz Merýemiň öz ejesine Hudaýyň niýetini amala aşyrmaga kömek edeni hakda okaýarys. Şeýle-de, ol Hudaýyň amala aşyran täsinligi hakda şaýatlyk etmek maksady bilen, wakalaryň bolup geçýän ýerinde boldy. Haçanda Musanyň ata-enesi weözi üçin alada etmeli, onuň terbiýesi bilen meşgullanmaly hem-de ony fyrownyň köşgündäki durmuşa taýýarlamaly wagtlary ýetip gelende, olar bireýýäm näme we nädip etmelidigini bilip, jogapkärçiligiň ýetişen duýgusyna eýediler. Çünki olar bireýýäm iki uly çagalaryny terbiýeläpdiler ahyryn! Ýogsa-da, uly çagalar hem özleriniň kiçi dogany üçin halypalar bolup, ata-eneleriniň öz maksatnamalaryny — beýik pygamberi terbiýelemek wezipelerini ýerine ýetirmeklerine kömek etdiler.
Musa Haruna eýerýärdi, Harun bolsa öz gezeginde Merýeme eýerýärdi. Merýem bolsa dogany Harunyň doglan wagtyna çenli oňat terbiýe alyp, bar zada öwredilendi. Netijede bu maşgalanyň üç çagalary-da Hudaýyň çakylygyna jogap berip, dünýäni özgertmekde bir-birlerine kömek etdiler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Maşgala aragatnaşyklarynyň ulgamy Hudaýyň oýlap tapan görnüşinde kämil we dogrudyr, diňe Onuň erkine eýermek gerek. Eger sizde ilkinji çagaňyz bilen kynçylyklaryňyz bar bolsa, olara biperwaý seretmäň, ol kynçylyklar öz-özünden ýitip gider diýip hem umyt etmäň we kiçi çagalaryňyz bilen gaty meşguldygyňyz bilen hem özüňizi aklamaň. Saklanyň we Hudaýyň akyldarlygyny we töwerekdäkileriň kömegini (şeýle-de, terbiýe baradaky oňat kitaplaryň maslahatyny) kabul edip, özüňiziň uly çagaňyz bilen gürrüňdeş bolmagyň açaryny tapmaga synanyşyň. Şeýle ýagdaýda siz köp zada öwrenersiňiz we indiki çagaňyza hem kömek edip bilersiňiz. Uly çagaňyz siziň üçin çalşyp bolmaýan kömekçiňizdir, onuň doganlaryna bolan maslahatlary kiçi çagalaryňyz hakdaky aladalaryňyzda gymmatbaha kömek bolup durýandyr.
18-nji bap
Musa we Sypora:
Ýanyp duran çaly bilen duşuşygynyň täsirlerinden dolan Musa uly isleg bilen bolmasa-da, boýnyburuklylyk bilen özüniň meşhur: «Meniň halkymy goýber» diýen jümlesini aýtmak üçin Müsüre tarap ýola düşýär. Aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, Müsüre tarap ýola düşeninden soň, bir gaty geň waka bolup geçýär.
Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar. Emma Sypora çakmak daşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär. Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy.
Musanyň durmuşyna Hudaýyň nädip howp salandygy näbelli, ýöne men çynlakaý keseli ýa-da eli gylyçly perişdäniň bolandygyny güman edýän käbir düşündirişler bilen tanyşdym. Mukaddes Kitabyň tekstinden käbir anyk zatlary bilmek mümkin: birinjiden, sünneti Sypora amala aşyrdy (eger Musa başaryp bilsedi, onda özi ederdi). Ikinjiden, ol muny Musanyň janyny halas etmek üçin etdi. Bir zat aýdyň: Musanyň durmuşyna abanan howpuň näme bolandygyna seretmezden, bu howp gaty hakyky we aýdyňdy.
Bu waka hakda oňatja oýlanyp, peýdaly sapak alyp bolar.
Ilki bilen, geliň, bu maşgalanyň taryhy bilen tanyş bolalyň. Musa özüniň kyrk ýyllap Midýan ýurdunda bolanynda, Sypora öýlenipdi. Midýanlar Ybraýymyň bir oglunyň nesilleridiler. Ybraýym Saranyň ölüminden soň Keturah atly aýala öýlenipdi. Hut şu Keturah hem midýanlaryň enesi boldy (Gelip çykyş 25:1–2 seret). Syporanyň Ybraýymyň Hudaýyna ynanýandygyna seretmezden, onuň sünnet barada özüniň hususy garaýşynyň bolandygy ahmal. Şeýlelikde, midýanlylar bu däbi ýa-da asla ýerine ýetirmändirler, ýa-da — has mümkin bolşy ýaly — ony uly ýaşly oglanlarda ýerine ýetiripdirler. Emma Ybraýyma Hudaýyň sünnet etmegi 8 günlükde etmegi tabşyrandygyny Musa bilýärdi. Şeýle-de, sünnet edilmedik erkek jynsynyň wekiliniň her biriniň Hudaýyň halkyndan çykaryljakdygyny Hudaý aýdypdy.
Bu tema Musa bilen Sypora üçin jedeliň sebäbi bolan bolsa gerek we maşgalada parahatlygy saklamak maksady bilen Musa bu soragy gün tertibinden aýran bolsa gerek. («Şeýlelikde, özüniň ejizligi zerarly aýalyna jogap berip bilmän, Hudaýa gulluk etmek mümkinçiligine tas biperwaý seredipdi. Segsen ýyllap taýýarlygyň we öwredilmegiň biderek bolmagy bolup biläýjek ýagdaýdy!»
Bu ýerde kynçylygyň nämededigini görýäňizmi? Hudaýyň ol arkaly Öz parzlaryny halkyna ýetirjek we Onuň adamlaryň iň ýumşagy diýip atlandyran adamy Hudaýyň alnyna sünnetlenmedik ogly bilen gelmäge synanyşdy! Musa özüniň işiniň bütin çynlakaýlygyna düşünmelidi we beýlekiler üçin mugallym bolmanka, bar zatda Hudaýa boýun bolmaklyga öwrenmelidi. Onda näme üçin Musa munuň nädogry ýoldugyny bilibem, ylalaşyga girdi? Görnüşi ýaly, biz Musa bilen aýalynyň şu soragda bir pikire gelip bilmändiklerinde gözlemelidiris. Kynçylygyň çözgüdini bilelikde agtarmagyň deregine, olar tä Hudaý ara goşulýança, gapdala süýşürip goýmagy makul bildiler.
Men diňe garaýyşlarynyň deň gelmezlik kynçylyklaryny ata-eneler jogapkärçiligi astynda çözmek islemeýändikleri üçin, gatnaşyklaryň bozuklygynda we gapma-garşylykda ýaşaýan maşgalalaryn gördüm. Haçanda ata-eneler bir-birlerine garşy çykyp, çagalaryny terbiýelemek soragynda ylalaşygy agtarmanlarynda, çagalar özleriniň nähili hereket etmelidiklerini bilmeýärler we ata-eneleriniň duşmançylyklaryny öz maksatlary üçin ulanyp başlaýarlar. Netijede olar bir-birleri bilen parahat ýaşap, özlerini kiçigöwünli tutup bilmeýärler. Munuň deregine olar hiç kime hormat goýman, öz aňlary boýunça ýaşamaklygy öwrenýändirler. Şeýle maşgalalarda parahatlyk ýokdur, çünki her gezek çaga ýoldan çykanda, onuň ata-enesi öz aralarynda urşup başlaýarlar, çagalar bolsa özleriniň peýdasyny gözläp, ata-eneleri bilen bu dildäki urşa girişýärler. Ata-eneleriň gapma-garşylygy çözmegiň jedel we bir-biriňi garalamakdan başga usulyny bilmeýändikleri sebäpli, ähli çagalar bir-birleriniň yzlaryndan bu maşgala urşuna çekilýändirler. Netije — doly bitertiplik.
Emma şeýle ýagdaýda uzak wagtlap ýaşap bolmaz. Haçanda Müsüre barýan ýolda iş bütinleý aýrylyşmaga ýetende, Musa ýoluny ýeke dowam etdirdi, Sypora bilen ogullary bolsa Midýan ýurduna dolandylar.
Maşgaladaky parahatlyk, onuň ýagşylygy üçin çagalary terbiýelemek soragynda ata-eneleriň arasynda ylalaşygyň we talaplaryň bir bolmagy wajypdyr. Gapma-garşylygyňyzyň nähili çynlakaý bolýandygyna seretmezden, eger siziň ýanýoldaşyňyz Hudaýa ynanmaýan adam bolaýsa-da, eger siz munuň öz çagalaryňyz üçin neneň wajypdygyny ýadyňyzda saklap, eliňizden gelenini etmäge synanyşsaňyz, onda siz olary hemişe parahat ýol bilen çözüp bilersiňiz.
Bu kynçylygy öz ýan ýoldaşyňyz bilen ara alyp maslahatlaşmaga synanyşyň. Eger siziň araňyzda çagalary terbiýelemegiň esasy ýagdaýlarynda birlik bolmasa, onda kömek üçin ikiňize hem ýaraýan meşhur kitaplaryň birine ýüz tutuň. Ony bilelikde okap, berilýän maslahatlara eýerip bilersiňiz. Ýogsam, nähilidir bir sapaklara gatnaň, öz ruhanyňyza ýüzleniň. Ýöne siz hökman iki bolup, meýilnamaňyzy ylalaşyp düzmelisiňiz.
Şeýle-de, ata-ene borçnamalaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz. Eger siz çagalaryňyza saçak başynda özlerini nähili alyp barmalydygyny öwretmek isleýän bolsaňyz, onda bu meseläni öz üstüňize alyp, ýan- ýoldaşyňyzyň başga bir mesele bilen meşgullanmagyna, mysal üçin, çagalaryňyza öz aralarynda dogry gatnaşyk edip bilmegi öwretmek bilen meşgullanmagyna mümkinçilik beriň. Borçnamalary paýlaşyp, hiç haçan hem ýanýoldaşyňyzyň işine böwet bolmaň we onuň işine gatyşyp, çagalaryňyzyň alnynda onuň abraýyny gaçyrmaň.
Emma ata-eneleriň gapma-garşylyklaryny çagalar öz gyzyklanmalary üçin ulananlarynda, näme etmeli? Şu ylalaşyga gelmek hökmandyr: kyn ýagdaýy çözmegi öz üstüne alan karary kabul etmek ygtyýaryna eýedir. Haçanda çagalaryňyz haýsydyr bir haýyş bilen size ýüz tutanlarynda, jogap bermeziňizden ozal: olar siziň ýanýoldaşyňyz bilen bu hakda gürrüň etdilermi ýa-da ýok hökman anyklaň? Eger hawa bolsa, ýanýoldaşyňyzyň tarapynda durup, onuň mamladygyny tassyklaň. Men hemişe öz çagalaryma: «Seniň ejeň we men — bir topardyrys, eger ikimiziň birimiz bir zat diýsek, diýmek, bu ikimiziň hem aýdanymyz bolýandyr» diýýärin. Birnäçe wagtdan soň biziň çagalarymyz bu täri özleşdirýärler. Ýene-de: haçanda siz ýan ýoldaşyňyzyň pikiri bilen ylalaşmanyňyzda-da, hut şeýle hereket etmelisiňiz. Ýanýoldaşyňyzyň abraýyny çagalaryňyzyň alnynda gaçyrmaly dälsiňiz, gapma-garşylygyňyzy bolsa biraz soňra ýekelikde çözmelisiňiz.
Men ýagdaýy çykgynsyz bolaryna çenli ýetirmezligi sizden haýyş edýärin, hatda ýalbarýaryn. Şeýle ýagdaýa ýetirseňiz, onuň yzysüre bize mälim bolan Müsüre bolan ýoldaky ýagdaý başyňyza düşer. Özüňiziň ata-ene hyzmatyňyzyň iň kyn bölegini
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Iň esasy düzgün şeýle: anyk terbiýeçilik maksady bilen ýanýoldaşyňyzyň saýlan çärelerine hiç haçan hem garşy çykmaň. Päsgel bermäge we bir zatlary goşmaga, düşündirişler bermäge synanyşmagyň geregi ýok. Gapma-garşylyklar peýda bolanda, bellikleri biraz wagt geçen soň hökman ýumşak, hormatly äheňde ýekelikde aýtmaly.
19-njy bap
Selophatyň gyzlary:
Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy.
Selophat öz gyzlaryna at dakanda, ol näme hakda oýlandyka? Ýogsa-da, haçanda kakasy Selophatyň
Selophat ýekeje-de ogul dogurman, Hudaýyň halkynyň kyrk ýyllyk çöldäki sergezdançylygy döwründe aradan çykýar, emma onuň bäş gyzy bardy. Haçanda ýeri paýlaşdyrmak üçin Musanyň ähli halky we ähli tireleri sanamaly wagty gelende, Selophatyň gyzlarynyň hiç zatsyz galýandyklary mälim boldy, çünki kanun boýunça kakasynyň mirasy onuň ogullaryna galmalydy. Elbetde, şeýle ýagdaýlar öňler hem bolupdy we gyzlaryň köpleri hut şeýle ýagdaýda galypdylar, emma şu bölekdäki ýaly nähilidir bir nägileligiň bolandygy hakynda Mukaddes Kitap gürrüň bermeýär. Nähili bolandygyna seretmezden, Selophatyň bäş gyzlary özleriniň adalatsyz diýip hasaplanlary hakynda gürrüň etmek üçin Musanyň ýanyna gelýärler (Sanlar 27:1–11; 36:1–12; Ýeşuwa 17:3–6 seret).
Olar öz nägileliklerini beýan etdiler we Musa hem olary Hudaýyň alnynda aýan etdi. Gyzlaryň talaplary kanuna laýyk diýip, Hudaý jogap berdi, çünki ogullary bolmadyk atanyň ýeri onuň gyzlaryna geçýändir. Netijede olar öz miraslaryna eýe boldular, adalatsyzlyga garşy edilen göreş arkaly, bu waka Mukaddes Kitabyň sahypalaryna girdi. Şondan soň miras hakdaky Ysraýyl kanunyna düzedişler girizildi.
Nädip Selophat şeýle mynasyp gyzlary terbiýeläp bildikä? Sebäbine düşünmegimiz üçin, geliň, ilki bilen näme üçin onuň öz gyzlaryna şeýle atlar dakandygy baradaky soraga dolanalyň.
Ysraýyllylaryň hiç haçan hem oňat aýdylyşyna ýa-da owadanlygyna seredip at dakmandyklaryny ýadymyzda saklamalydyrys. Olaryň çagalarynyň atlary adatça ol ýa-da beýleki durmuş ýagdaýlary bilen bagly bolan anyk manyny aňladýardy. Ogluň dogulmagynyň aýratyn hormatly nyşan bolandygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa, gyzlaryň dogulmaklary uly mana eýe bolmadyk waka hökmünde kabul edilendigini hem ýadymyzdan çykarmaly däldiris.
Özüniň ilkinji gyzyna Selophat Mahla diýip at dakdy, bu at «kesel» diýmegi aňladýandyr. Bu ýewreý sözi şeýle-de agyr zähmeti ýa-da çaga dogurmak azabyny hem aňladyp bilýändir. bu ady saýlanylmagynyň hakyky sebäplerini biz bilmeýäris, emma gyzynyň dogulmagynda kakasynyň täsinligi görmändigi anyk.
Ikinji gyzyna ol Noga diýip at dakdy. Bu at bolsa «hereket» ýa-da «göçüp-gonmak» diýmegi aňladýar. Atanyň ünsüniň ýene-de durmuş ýagdaýlaryna gönükdirilendigi ýene-de görnüp dur. Belki-de, ol özi üçin mertebe we teselli bolup biljek ogullarynyň dogulmagyndaky pata eýe bolup bilmän, çölde göçüp-gonmakdan halys bolandyr.
Üçünji gyzy «Hogla» adyny aldy. Bu at bolsa «käkilik» diýmegi aňladýar. Üçünji gyzyna seredip, kakasy gyzynyň bu kiçijik akylly guş bilen meňzeşligi gören bolsa gerek. Selophatyň ünsüni özünden Hudaýyň beren sylaglaryny geçirenine çenli, kän wagt talap edildi.
Dördünji gyzynyň ady «Milka», ýagny patyşa diýmekdi. Ine näme! Özüniň göz alnynda ulalýan, oýnaýan we öwrenýän bu üç gyzyna seredip, Selophat öz durmuşynda bu gyzlarynyň neneň gymmatdyklaryna düşünip başlaýar!
Atlary saýlamakdaky şeýle özgerişlikler tötänlikmi? Beýle bolmasa gerek. Geliň, soňky gyzynyň adyna seredip geçeliň. Onuň ady Tirsa — «şatlyk, buýsanç». Adamyň bäş gyzynyň bolup, ýekeje-de oglunyň bomandygy nämä getirip bilerdi? Şol döwrüň däplerine görä — diňe ullakan lapykeçliklere getirip bilerdi. Emma lapykeçlik deregine ata şatlygy duýdy.
Hudaý Selophaty biziň üçin hem peýdaly bolan bir zatlara öwretmek üçin oňa bäş gyz berip, ýekeje-de ogul bermedi. Eger siz özüňiziň ilkibaşdaky gatnaşyklaryňyza seretmezden, öz çagalaryňyzyň gadyr-gymmatyny bilýän bolsaňyz, onda çagalaryňyzyň özlerini edil şahsyýetler hökmünde bahalandyryp bilmäge öwrenip biljekdiklerine umyt etmäge esas bardyr. Diňe öz çagalaryňyzyň gadyr-gymmatyny bileniňizde, olar özleriniň ýetmezçilikleri zerarly ejir çekmän we eger Hudaý özlerini başga edip ýaradanda, näme bolardy diýip arzuw etmeýän Hudaýyň çagalary kimin bolup bilerler.
Bäş gyz Musanyň ýanyna gelip, oňa:
Olaryň soraglarynda maňa başga many hem eşidilýär: «Biz ogullardan kem mynasypmy we diňe ogullarynyň bolmandygy üçin biziň kakamyz kem mynasypmy?» Olar özleriniň diýenlerini etdiler we özleriniň mynasypdyklaryna bolşy ýaly, kakalarynyň hem hukugynyň hormatlanylmagyna tassyklama aldylar.
Gyzlaryň Musa bolan gatnaşyklary olaryň pygamberiň ygtyýarlygyna we durmuş ýagdaýyna bolan hormat goýujy gatnaşygy beýan etdi. Olar igenip, garşy çykmak üçin däl-de, özleriniň çynlakaý syn etmäge mynasyp diýip hasaplan işlerini pygambere teklip etmek üçin gelendiklerini görkezdiler. Netijede gyzlar özleriniň islänlerine eýe boldular.
Öz mertebesini oňat duýýan çagalara seslerini gataltmak, berk talaplary bildirmek, pitne turuzmak we jedel etmek gerek däl, çünki olar beýleki serişdeler bilen nädip maksada ýetmelidigini bilýändirler ahyryn.
Eger-de siz öz çagalaryňyzyň gadyr-gymmatlaryny bilibem, muny olara görkezmeýän bolsaňyz, onda olar mundan özleri üçin hiç hili-de peýda alyp bilmezler.
Çagalaryňyzyň özüňiz üçin neneň gymmatlydyklaryny görkezmegiň iň ýönekeý we iň peýdaly usuly — olara bar ünsüňizi bermeklik, olaryň haçan bolsa-da, size ýüz tutanlarynda, olary ünsli diňläp, hiç haçan hem sowuk-sala gatnaşyk etmezlikdir. Eger siz gaty işli bolsaňyz-da (mysal üçin, ody söndürýän bolsaňyz-da), saklanyň we özüňize ýüz tutýan çaga üns beriň, onsoň ýagdaýy ýuwaş, mähirli sesiňiz bilen düşündiriň we işiňizden boşan wagtyňyz onuň bilen gürrüň etmäge şat boljakdygyňyzy düşündiriň.
Eger çagalaryň biri özüni erbet alyp barýan bolsa, ýalňyşlyklar edýän bolsa ýa-da hatda garşylyk görkezýän hem bolsa, çagaňyzy terbiýelemek ýagdaýynda onuň özüni alyp barşyny düzetmek maksadyňyz bilen ony özüňiz üçin gymmatdygyny we oňa hormat goýýandygyňyzy görkeziň. Hiç haçan hem çagalara öýkelediji sözleri aýtmaň. Çagany «täzeden terbiýelemäge» başlamazyňyzdan ozal, özüňiz üçin onuň neneň gymmatlydygyny duýmagyna mümkinçilik beriň we hemmeleriň hem ýalňyşlyklar edýändigini belläp geçiň. Hakyky mugallym hemişe-de öz okuwçysyny hormatlaýandyr.
Indi biz Selophatyň öz gyzlaryna at dakanda, onuň näme hakda oýlanandygyny bilýäris we onuň atalyk akyldarlygynyň nämede aýan bolandygyna hem düşünýäris.
Gynansam-da, ähli synanyşyklaryma seretmezden, men Selophatyň adynyň manysyny tapyp bilmedim, çünki bu at näbelli gadymy ýewreý kökünden gelip çykýar — şonuň üçin hem biz onuň kakasynyň näme hakda oýlanandygyny hiç haçan hem bilip bilmeris.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalaryňyza olaryň dogulmagyna garaşýan wagtyňyzyň özüňiz üçin neneň täsin bolandygy, olaryň dünýä inmeklerini neneň şatlyk we begenç bilen garşylandygyňyz hakynda olara gürrüň beriň. Öz durmuşyňyzda olaryň neneň wajyp orny eýeleýändiklerini ýene we ýene aýtmak üçin mümkinçiligi sypdyrmaň. Üstünlikleri üçin çagalaryňyzy magtaň, emma olaryň gazananlaryna bagly bolmazlykda, şahsyýet hökmünde çagalaryňyza hormat goýmagy ýatdan çykarmaň. Her bir çagaňyzyň nähili aýratyn, gaýtalanmazakdygyny köpräk belläň.
20-nji bap
Musa — ysraýyl ata-enelere:
Musa Ysraýyly Iordan derýasyna alyp bardy. Şol ýerde ol özüniň iň uzyn wagzyny aýtdy. Şonda ol halkyň ýerine ýetirmegi üçin oňa kanuny berdi we wada berlen ýurtda Hudaýa nädip hyzmat etmelidigini düşündirdi. Bu wagyz Kanun taglymaty kitabynda beýan edilendir.
Umumy pikire görä, Musanyň halka ýüzlenmesiniň esasy bölegi — Kanun taglymaty kitabynyň altynjy babynda ýerleşdirilendir. Haçanda Isa iň beýik parzy aýdanda, Ol 5-nji we 6-njy aýatlara ýüz tutupdyr. Hudaýy söýmek we Oňa bütin ýüregiň bilen hyzmat etmek — ine, Musanyň ýüzlenmesiniň esasy temasy.
Şu bapda üç gezek Musa Ysraýylyň onuň borjy — geljekki nesliň Hudaýy söýüp, Onuň patalarynda ýaşamagy üçin, Ysraýylyň öz ynamyny çagalaryna geçirmegi hakynda ýatladýar.
Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar.
Bu birinji parz. Soňky iki jümle bilen Musa bu parzy ýerine ýetirmegiň iş ýüzündäki düzgünnamasyny berýär. Olaryň birine biz şu bapda, indikisine bolsa soňky bapda seredip geçeris.
Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle. Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý.
Gyzym bilen men kyn aýdylýan ýa-da düşnüksiz adalgalary çalyşmak maksadymyz bilen olaryň deregine söz oýlap tapdyk — olaryň dereklerine biz käwagtlar «pid» sözüni ulanýarys. Her kimiň öz «pidleri» bar. Meselem, meniň üçin şeýle «pid» hökmünde
Nädip biz öz çagalarymyza Mukaddes Kitabyň ähli durmuş ýagdaýlary üçin maslahatlar berýändigini, olaryň manylaryna düşünmelidiklerini düşündirip bileris? Meseläni ýeňilleşdirmek üçin Musanyň taglymatyny birnäçe böleklere böleliň.
Musa halkyň aňyna şu esasy talaby ýetirmäge jan etdi: Hudaýyň Sözüniň durmuş kitabydygy hakyndaky hakykaty çagalarymyza düşündirdirmeli. Biziň borjumyz — çagalarymyzyň alnynda Hudaýyň Sözüniň manysyny açmak we Mukaddes Kitap parzlaryny nädip iş ýüzünde ýerine ýetirmelidigini görkezmekden ybaratdyr. Mukaddes Kitap sapaklarynda aýatlary ýat tutmak oňat iş, emma eger biz çagalarymyza agyr durmuş ýagdaýlarynda Mukaddes Kitap aýatlaryny ulanmaklygy öwretmesek, onda olara maňlaýlaryna filakteriýalary daňmakdan başga ýol galmaýar.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Mukaddes Kitabyň durmuş ýolundaky esasy ýol görkezijidigini düşündirmek — özümiziň Mukaddes Kitap parzlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegimizden ybaratdyr. Haýsy işde özüňiziň Hudaýyň kömegine has mätäçdigiňizi anyklamaly (mysal üçin, beýleki sürüjiler bilen gatnaşyk etmek üçin özüňize sabyrlylygyň gaty wajyp bolan ýeri bolan ýoldaky gapma-garşylyklar). Gahary basyp ýatyrmaga kömek edýän aýatlary tapyň (mysal üçin, Galatýalylar 5:22–23), ony ýelmeşik kagyza ýazyp, maşynyňyzyň aýnasyna ýelmeşdiriň. Bu «ýatladyjy ýazgynyň» manysyny çagalaryňyza düşündiriň we haçanda Mukaddes Kitap sözleriniň özüňize gerek bolan wagty dessine görkezip bilýän täsin kömekçileri edinersiňiz. Emma şol bir wagtyň özünde olar siziň bu sözlere nähili eýerýändigiňize berk üns bererler. Eger bu sözleriň kömek edýändikleri zerarly, siziň olary birkemsiz ýerine ýetirýändigiňize göz ýetirseler, onda olar şatlyk bilen siziň teklibiňizi kabul ederler — olar hem öz kynçylyklaryny aýan edip, olara laýyk bolan aýatlary ýazyp alarlar.
Çagalaryňyz bilen gürrüňdeşlikde Hudaýyň Öz sözlerini biziň ýüreklerimizde ýazmagy wada berendigi hakynda hemişe ýatlaň (Ýeremiýa 31:33 seret) we her gezek mätäç bolanymyzda, Mukaddes Ruh olary bize ýatladyp durar (Ýahýa 14:26 seret). Başgaça aýdanymyzda, eger biz Hudaýyň sözüni eşidip, oňa eýermegi çözen bolsak, onda Hudaýyň Özi bu ýagdaýa ýolbaşçylyk edip başlar — Ol şol «ýatladyjy» sözleri herekete getirer we olar biziň azaşmagymyza ýa-da olary ýadymyzdan çykarmazlygymyza kömek eder. Hudaýyň maglumatlary ýazylan bu «sahaplar» biziň çagalarymyzyň Hudaýyň niýetine eýerip, ruhy taýdan kämil bolmaklaryna kömek eder.
21-nji bap
Musa durmuş mysallary hakynda:
Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: «Hudaýyňyz Rebbiň size buýran bu hökümleriniň, parzlarynyň we düzgünleriniň näme manysy bar?» diýip sorasalar, siz olara şeýle jogap beriň: «Biz Müsürde fyrownyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. Reb Müsüre, fyrowna we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi. Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi.
Emma nädip Kanun taglymaty 6:20–23-de beýan edilen çagalary terbiýelemek baradaky Musanyň taglymatyny häzirki şertlerde üstünlikli ulanmaly? Belki-de, Mukaddes Kitap gürrüňleri hakynda kitap alyp, çagalarymyza Köne Ähtiň taryhlaryny okap bermelidiris?
Elbetde, çagalarymyzyň Hudaýyň Sözi bilen tanyşmaklary üçin bu oňat başlangyç, emma Musa nämedir bir uly zady islän ýaly — ol özüniň taglymatyny biziň öz durmuşymyzda ulanmagymyzy isläpdi.
Çagalarym entek kiçijikkä, olar dürli gyzykly taryhlary diňlemegi gowy görýärdiler. Bir ýere gitmezimizden ýa-da ýatmazymyzdan ozal, meniň bir zatlar gürrüň bermegimi hemişe soraýardylar. Çagalarymyza öz maşgalamyzyň taryhyndan gürrüňler gaty ýaraýardy. Şeýle-de, haçanda men olaryň iki haýwany we ýene bir başga zadyň adyny tutmaklaryny haýyş edip, şolar hakynda düzýän ertekilerimi diňlemegi olar halaýardylar. Mukaddes Kitabyň taryhlarynyň erkin ýagdaýdaky gürrüňleri hem olara ýaraýardy. Emma ählisinden hem biziň «iman hakyndaky taryhlar» diýip atlandyranymyz çagajyklarymyza gaty ýaraýardy.
Bir gezek men çagalarym bilen maşynda gaty ýadaw halda barýarkam, olar bolsa bir-birine gezek bermän, meniň bir zatlar gürrüň bermegimi soraýardylar. Şeýle ýagdaýda meniň kelläme hiç zat gelmedi, birden geçmişde bolan bir waka ýadyma düşüp, gürrüň berip başladym.
Men çagalaryma entek olaryň hiç birleriniň hem meýilnamalarda bolmadyk durmuş pursatym hakynda gürrüň berdim. Şol wagt men gaty pulsuz galyp, 20 dollara gaty mätäçdim. Men Hudaýyň kömek etjekdigine ynamly bolup, bu hakda dileg etdim — haçanda agşam sürüji şahadatnamasyny çykarmak üçin gapjygymy açanymda, onuň içinde täzeje ýigrimi dollarlyk kagyzy gördüm. Irden öz gapjygymyň boşdugyny men anyk bilýärdim we ol hemişe meniň jübümdedi. Gürrüňimi gutaranymdan soň meniň üstüme sorag bary ýagdy. Onsoň çagalar meniň jogap alan dileglerim hakynda ýene we ýene gürrüň bermegimi haýyş etdiler. Tä barmaly ýerimize ýetýänçäk, men olara gürrüň berdim.
Biziň iman taryhlary diýip atlandyran gürrüňlerimiz şeýle bir meşhur boldy welin, täzelerini tapmak meniň üçin ýeňil bolmady. Bir gezek men kellämi döwüp, ýokardan gelen täsin kömegiň wakalaryny ýadyma düşürip, birnäçe sagatlap oturdym. Çünki oňaýly wagty gelende gürrüň bererim ýaly, men birnäçe wakalary ätiýaçlyk üçin galdyrjakdym ahyryn. Men olary ýadyma saldym.
Musa ysraýyllylaryň öz çagalaryna gadymy döwrüň taryhlaryny gürrüň bermeklerini islemedi, ol olaryň özleriniň şahsy ruhy tejribeleri hakynda gürrüň bermeklerini isledi. Elbetde, ol maşgalalarda taryhy wakalaryň eşidilmegine garşy çykmady, emma çagalaryň ýaňy bolup geçen, töwerekdäkileriň tejribeleri hakynda eşitmeklerini hem maslahat berdi. Men barada gürrüň edilende bolsa, Hudaýyň öz durmuşyma täsiriniň şaýatlyklary baradaky dilde gürrüň berlen wakalaryň çaga ýüregindäki imany adaty Mukaddes Kitap gürrüňlerinden gaty güýçli berkidendigine syn etdim. Munuň sebäbi bu wakalaryň «has täzedigindedir» — olar biziň döwrümize (ýa-da ýaňy bolup geçenlere) degişli bolup, biziň gündelik durmuşymyzda bolup geçýändigindedir.
Wagtyň geçmegi bilen iman hakynda meniň gürrüň beren taryhlarym çagalaryma şeýle bir täsir etdi welin, hatda olar gysga möhletiň içinde özleriniň ruhy ösüşlerinde öňe bolan uly ädim ätdiler we tizara: «Kaka, göz öňüňe getirýäňmi! Mende iman hakda taryh bar, eşitmek isleýärmiň?» diýen sözler bilen meniň ýanyma gelip başladylar.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Biziň her birimizde öz «iman hakdaky taryhlarymyz» bar. Olary ýadyňyza salyň, gerek bolanda ýazyp alyň we çagalaryňyz bilen paýlaşmaga taýyn boluň. Eger dessine kelläňize hiç zat gelmeýän bolsa, onda täsin ýagdaýda fiziki howpdan gutulandygyňyz, täsin ýagdaýda Hudaýyň öz mätäçligiňiziň öwezini doldurandygy, keselden sagaldandygy, gaty wajyp bolanda, ýanyňyza dostuňyzy getirendigi, teselli berendigi, dilegleriňize jogap berendigi hakynda ýatlaň. Bu hakda öz çagalarymyza gürrüň bermek bilen biz şol bir wagtyň özünde öz imanymyzy hem berkidýändiris.
22-nji bap
Ysraýyllylaryň iki nesli:
Özümizi Müsürden çykylyşa ata-enesi bilen gatnaşan ysraýyl çagasynyň ornunda goýup göreliň. Diýeliň, şonda siz sekiz ýaşlaryňyzdadyňyz (eger siz takmynan Isanyň dogulmazyndan oň 1454-nji ýylda doglan bolsaňyz) — bu müsür gulçulygyndaky durmuşyň nähilidiginiň ýadyňyzda saklanmagy üçin ýeterli ýaş. Fyrownyň goşuny siziň yzyňyzdan kowanda we gaçyp gutulmagyňyz üçin Gyzyl deňiz gözümiziň alnyňyzda ikä bölünende, ýüregiňizi gorky gaplap alan bolsa gerek.
Çölde sergezdan bolup ýaşanyňyzdaky ruhy ösüşiňiz entek siziň ýadyňyzda berk dur. Ol sergezdançylyk gutaranda, siz elli ýaşlaryňyzdadyňyz. Ata-eneleriňiz bilen Musa we Harun atly iki adamyň arasyndaky gapma-garşylyklar hem entek ýadyňyzdan çykanok. Mannany gören badyňyza, köplenç siz gusmak duýgusyny başyňyzdan geçiren bolsaňyz gerek, emma nähili bolandygyna seretmezden, siz uly nesliň ýoldan çykyp, öz günäleriniň ajy miwelerini iýýändigine uzak ýyllaryň dowamynda syn etmeli bolduňyz. Belki-de, siz täsin wakalaryň şaýatlary bolansyňyz, olaryň biri — Iordan derýasyndan geçiş ýa-da Ýerihonyň ele alnyşyny şadyýanlyk bilen yglan edip, maşgalaňyz bilen köp garaşylan wada berlen ýere girensiňiz.
Indi bolsa özüňiziň altmyş ýyl soň doglandygyňyzy göz öňüňize getiriň (Isanyň dogulmazyndan öň 1394-nji ýyl) we maşgalaňyza degişli bolan baý toprakly mellegi bolan berk jaýda ulaldyňyz diýeliň. Belki-de, kakaňyz wagtal-wagtal öýden gidip, wada berlen ýeri eýelemek maksady bilen Ýeşuwa kömek bermäge gidendir. Ýogsa-da, hemmeler durmuşdan razydylar. Elbetde, size ata-eneleriňiziň we baba-mamalaryňyzyň çölde sergezdan bolandyklary, siziň dogulmazyňyzdan birnäçe ýyl ozal aradan çykan Musa atly adam hakda gürrüň berendirler. Haçanda Ýeşuwa öz ölüminden öňräk ähli ysraýyl serdarlaryny ýygnap, Hudaýa hyzmat etmek isleýändigine şaýatlyk etjekleriň her biriniň gygyryp aýtmaly şygaryny teklip edende, siz entek ýetginjekdiňiz. Emma şonda bularyň bary siziň üçin dini däp ýalydy. Siz Kenganyň käbir ýaşaýjylary bilen ýakynrak tanyşdyňyz we din hakda olaryň her biriniň öz pikiriniň bardygy hakynda bildiňiz.
Çölde ölmeklige galdyrylan boýnyýogyn we doň ýürek diýlip atlandyrylan (Çykyş 32:9 seret) ysraýyl nesliniň Hudaýa hyzmat edip, wada berlen ýer bolan Kengany basyp alan täsin ýehudy neslini terbiýeläp bilendigi meni hemişe haýran galdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, Kengany basyp alan nesil Hudaýy tanamadyk we Onuň yzyna eýermedik nesli terbiýeledi.
Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi. Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, Timnaheresdäki öz mülkünde jaýladylar. Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil çalyşdy we öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga nesil döredi. Soňra ysraýyllylar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, ýalan hudaýlara gulluk etdiler.
Diňe Hudaýdan gorkýan ata-eneleriň Hudaýdan gorkýan çagalary terbiýeläp bilýändigi hakyndaky netije dogry dälmi we şuňa laýyklykda, dogruçyl ata-eneler diňe özlerine meňzeşleri döretmäge ukyplydyrlar? Görşümiz ýaly, bu hemişe şeýle bolýan däl eken. Barlaga çuňlaşyp, men dogruçyl çagalary terbiýelemek üçin esas bolup durýan iki sany kanuna laýyklygy tapdym. Ysraýylyň şol birinji nesli bu esasa eýedi, ikinjisi bolsa ýok.
Iordandan geçen ýewreýleriň Hudaýa hyzmat etmeklerini dowam etdirip, çagalaryna-da öz imanlary hakda gürrüň bermek borçlary barada Musa olara duýduryş beripdi. Gynansak-da, ata-eneler (ýa-da geljekki ata-eneler) Musanyň bu taglymatyny özleşdirmändirler, netijede bolsa «…öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga nesil döredi…»
Çagalarymyza öz şahsy tejribämiz hakda, durmuşymyzda Hudaýyň amala aşyran işleri hakda gürrüň bermekligiň neneň wajypdygy hakynda gürrüň edenimizde, ikinji kanuna laýyklyga biz eýýäm degip geçdik. Emma ýokarda getirilen aýatda beýan edilen birinji kanuna laýyklyk meni gaty haýran galdyrdy, ol aýatda Hudaýy tanamadyk täze nesil hakda gürrüň berilýär. «Tanamadyk» diýen söz şu ýerde «bir zat hakda bilmek» diýmegi aňlatman, ol başga mana — edil gürrüňiň has ýakyn dostuň bilen aragatnaşyklar hakda gidişi ýaly, «şahsy taýdan tanamaklygy» aňladýar. Ýaşlygy çölde geçen çagalar ata-eneleriniň nädip kynçylyklar bilen göreşendiklerini, şowsuzlyklara duçar bolandyklaryny, öwrenendiklerini we netijede dogry kararlary kabul edendiklerini görüpdiler. Ýaş nesil öz ata-eneleriniň ruhy ösüşlerine, olaryň ruhy söweşlerinie we ýeňişlerine şaýat bolup, olaryň tejribeleri arkaly Hudaýy tanamagy öwrenipdiler.
Wada berlen ýerde ulalan nesil bolsa öz ata-enelerini başga hili görüpdiler, olar durmuşdan hoşaldylar we Hudaýy agtarmaýardylar, öz durmuşlaryny Onuň bilen bile gurmaga ymtylmaýardylar.
Gynansak-da, biz Hudaýy iň soňky oturgyçda oturdyp, diňe dynç günleri öňde oturmaklygy teklip edýän bolsak, onda biziň imanymyz yrgyldaýan ýagdaýa düşüp, yza çekilmek bolup geçýändir. Indi biz bakyýet hakda däl-de, özümiziň ýerdäki durmuşymyz bilen gaty meşguldyrys. Şeýle ýagdaýda terbiýelenýän çagalar ata-eneleriniň oňat mysalyna eýe däldirler we Hudaýy tanamaklyga gatnaşyp bilmeýändirler. Hatda eger olar ýygnakda mesihi taglymatlary hakda käbir bilimlere eýe bolubam, öýlerinde ynanýan ata-eneleri bilen diri gürrüdeşlige eýe bolmasalar, iman boýunça ýaşamagyň mysalyny görmeýän bolsalar, eger olara diňe ýagşylyga ynanmaklygy öwredip, Mesihde şahsy taýdan ösmeklige we Onuň bilen bile ýaşamaklyga öwredilmedik bolsalar, olara gaty gaýgyly ruhy geljek garaşýandyr.
Hakykat sözüni eşiden, emma özüniň gulak asmazlygy bilen günä eden ata-eneleriň nesli, näme bolsa-da, Hudaýy agtardy, ýalňyşlyklary arkaly öwrendi we ruhy taýdan ösdi, Gudratygüýçlini tanamaklyga bolan ymtylmasyny görkezdi. Özleriniň durmuşlary üçin çölde söweşen ata-enelerden bolşy ýaly, bizden hem Hudaýy tanaýan çagalary terbiýelemek üçin ruhy taýdan äpetler bolmaklyk we hemişe dogry hereket etmeklik talap edilýän däldigi biziň üçin ruhlandyryjy ýagdaý bolup durýandyr.
Mesihi bolmaklyk — kämil bolmaklygy ýa-da özüňi kämil ýaly alyp barmaklygy aňladýan däldir. Mesihi bolmaklyk — bu gün-günden Hudaýyň merhemetinde ösmeklikdir. Meniň pikirimçe, çagalara Isanyň ýoluny salgy bermegiň iň peýdaly usuly şuny düşündirmekden durýandyr: ata-eneler bolan biz günäni tanamaýanlar däldiris, emma biz özümizi Hudaýa bagyş edýäris we günde Hudaýyň Sözüne eýerip, ruhy ösüşimizi dowam etdirmäge synanyşýarys.
Indi bolsa özüňizi çagalaryňyzyň orunlarynda goýup görüň: öz mysalyňyzda olar näme öwrenip bilerler. Eger siz öz imanyňyzda berk bolsaňyz, onda saklanyň, dileg edip, kagyza öz ruhy maksatnamalaryňyzy ýazyň we bu hakda öz çagalaryňyza gürrüň berip, olara ýetmek üçin eliňizden gelenini etmäge synanyşyň. Hudaýy tanamakda ruhy taýdan ulalyp, çagalaryňyzy öz yzyňyz bilen alyp baryň, olary öz ruhy söweşleriňize bagyş ediň we Hudaýyň öz durmuşyňyza nähili gatnaşýandygyny olara aýan ediň. Şeýle ýagdaýda olar Hudaýyň özleri üçin taýýarlan «wada berlen ýerlerini» eýeläp bilerler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Eger biz öz çagalarymyzyň alnynda özümize hiç bir şübheler we ruhy söweşler tanyş bolmadyk kämil adamlar kimin görünmäge synanyşsak, onda biziň ruhy ösüşimiz mümkin bolmaz. Hudaýy tanamaklyk bütin ömür dowam edýändir. Size uzak ýol garaşýandyr, imanda ösmeklik hemişe dowam etmelidir. Öz-özüňiz bilen dogryçyl boluň, ruhy söweşden gutulyp bolýan däldir. Eger diňe siz muny çagalaryňyzdan gizlemän, hususy ruhy ösüşiňiz hakda olara gürrüň berseňiz, diňe şonda siz olary Hudaýy söýýänleri kimin terbiýeläp bilýänsiňiz.
23-nji bap
Şimşonyň ata-enesi:
Ysraýylyň iň güýçli serdarlarynyň biri bolan Şimşonyň taryhy okyjyny gyzyklandyrman, ýa-da haýran galdyrman bilmez. Mukaddes Ruhuň Şimşona ineni dessine, ol özüniň fiziki güýjüni görkezmäge başlady. Haçanda bir gezek piliştliler ony ele salmak üçin şäher derwezelerini ýapanlarynda, olar bu derwezeleri söýeleri we gulplary bilen goparyp alyp, hemmeleriň görmekleri üçin ony ýakyndaky baýyrlyga alyp baryp, şol ýerde taşlady.
Şimşonyň piliştlileri olaryň Ysraýyla garşy eden günäleri üçin däl-de, özüniň şahsy islegi boýunça jezalandyrandygy geň ýaly bolup görünýändir. Şimşon özüniň oýlap tapan tapmaçalarynyň üstünden gülendikleri üçin, piliştlileriň köpüsini öldürdi we olaryň geýimlerini ogurlady. Söýýän gyzyny kakasynyň başga birine durmuşa berendigi üçin, Şimşon elli jübüt tilkiniň guýruklaryna ýanyp duran ody daňyp, piliştlileriň meýdanlary tarapa goýberdi. Haçanda piliştliler ähli betbagtçylyklar üçin onuň gelinligi bilen bütin maşgalasyny öldürenlerinde, Şimşon gazap donuny geýip, duşmanlarynyň baryny gyrdy.
Haçanda piliştliler oňa garşy goşun ýygnanlarynda, Şimşon eşegiň äňi bilen müňlerçe esgerleri gyrdy. Ömrüniň ahyrynda duşmanlary onuň gözlerini oýanlarynda, ol pilişti ybadathanasyny ýumrup, özi bilen bile müňlerçe duşmanlaryny gyrdy. Şimşonyň özüni şeýle alyp barşyny nädip düşündirmeli?
Şimşonyň Hudaý tarapyndan çagyrylan adamdygyna seretmezden, onuň bütin durmuşy gapma-garşylyklaryň topbagy ýaly görünýär. Galyberse-de, onuň hereketleriniň sebäbi gazap we ar almaklykdy, ol bozuk aýallar bilen jynsy gatnaşyga baş urýar, durmuşynyň ahyrynda bolsa ol hatda özüniň nezirlik antyna ýigrenç bildiripdi (Çykyş 6:2–5 seret).
Elbetde, Delila bilen bolan waka siziň ýadyňyzdadyr. Ol Şimşonyň täsin güýjüniň syryny bilmekçi bolup, ýigide kän azap beripdi. Birnäçe gezek Şimşon ony aldapdy, emma Delila ýalan maglumatlary ulanyp, öz diýenine ýetipdi. Onuň bizar ediji sözleriniň alnynda durup bilmän, Şimşon öz syryny açypdy: onuň güýji saçyndady. Hawa, Deliläniň oýlap tapyjylygyna haýran galaýmaly: ol Şimşony ukladypdy, onsoň bir adamy çagyrdyp, Şimşonyň saçyny syrdyrypdy, onsoň güýçden gaçan ýigidi duşmanlary ýeňillik bilen daňdylar. Şu wakadan öň bolup geçenleri derňäp, Şimşon öz söýgülisiniň ikilik etjekdigi hakynda bilip bilerdi. Emma, belki-de, ol öz güýjüniň Hudaýda däl-de, özündedigine ynamly bolandyr. Belki-de, ol asla hiç zat hakda hem pikir eden däldir.
Şimşonyň ata-enesiniň durmuşlarynyň taryhy biziň üçin gaty peýdaly boljakdygyna men ynamlydyryn. Ol diňe bir Şimşonyň häsiýetine oňat düşünmäge kömek etmän, eýsem biziň özümiziň oňat ata-eneler bolmagymyza hem kömek edip biler.
Şimşonyň kakasyna Manowa diýýärdiler. Manowanyň aýalyna perişde görnüpdi we ol onuň tizden oglunyň doguljakdygy, ol ogluň Ysraýyl üçin kän işleri etjekdigi, şeýle-de, aýalyň bu täsin ogly nädip terbiýelemelidigi hakynda aýdypdy. Perişde aýalyň göwreli wagtynda haram iýmiti iýmezligi, şerap içmezligi buýrupdy, ogly bolsa nezir — Hudaý üçin niýetlenen adam bolmalydy. Şeýle-de, perişde oglanyň saçyna päki degmeli däldigini, onuň hem şerap içmeli däldigini aýdypdy.
Manowanyň bu wakanyň öz gözi bilen görmändigi üçin, ol perişdäniň ýene bir gezek gelmegini haýyş edipdi:
Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy biziň ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.
Haçanda perişde ýene-de peýda bolanda, Manowa has anyk soragy bilen oňa ýüzlendi:
Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli? diýip sorady.
Perişde Manowanyň haýyşyna aýratyn bir üns bermän, biraz mundan ozal onuň aýalyna aýdanlaryny gaýtalady.
Manowanyň perişdä beren soragy gaty manyly: ol öz ogly bilen «näme etmelidigi» hakynda anyk maslahatlar soraýar. Bu ýerde Hudaýyň beren çagasyny terbiýelemek boýunça özboluşly düzgünler göz öňünde tutulýar.
Manowa öz ogly üçin onuň bütin durmuşy üçin Hudaýyň ýolbaşçylygyny, näme «etmeli» we näme «etmeli däldigi» baradaky düzgünleri talap edýär. Emma ýehudylarda Musanyň Kanuny bardy ahyryn we onda ata-eneleriň borçnamalary, çagalary terbiýelemegiň we öwretmegiň düzgünleri, Hudaýyň Sözi astynda olaryň pikirlenişlerini we özlerini alyp baryşlaryny dogry ýola salmagyň talaplary anyk beýan edilipdi (Kanun taglymaty 6:7–9 seret). Ýaş nesliň ähli pikirlerini we edýän her bir hereketlerini Hudaýyň parzlaryna laýyk getirmeklige öwretmek ata-eneleriň borjudy.
Elbetde, Manowa bularyň baryny bilmeýärdi, çünki Şimşon diňe ejesine perişdäniň beren düzgünlerini ýerine ýetirmeklige öwrenendi, emma hatda bu terbiýelemek usuly hem şowsuz boldy.
Piliştli gyza öwlenmek isläp, Şimşon ata-enesiniň toý dabarasyna taýýarlyk görmek bilen meşgullanmaklaryny talap etdi. Ata-enesi bolsa onuň ysraýylly gyza öýlenmegini teklip etdiler, emma ýönekeý teklip bilen çäklenip, olar bu teklibiň artykmaçlyklaryny düşündirmäge synanyşmadylar, ýöne soňy bilen ogullarynyň talabyny ýerine ýetirdiler. Bizde Şimşonyň ýüreginde bolup geçen içki söweş hakynda hiç hili maglumat ýok, emma bary onuň diňe öz hususy isleglerinden ugur alandygy hakynda şaýatlyk edýär.
Çagalarymyza Hudaýyň parzlaryny öwretmek bilen, biz näme üçin olaryň hut şeýle hereket etmelidikleriniň sebäbini düşündirmäge ymtylmalydyrys. Çagalar düzgün bilen onuň sebäbiniň arasyndaky baglanyşyga düşünmelidirler. Men ata-eneleriň: «Çünki men şeýle diýdim» ýa-da «Çünki Hudaý şeýle diýýär» diýýän adaty delilnamalaryny dogry diýip hasap etmeýärin.
Biz çagalarymyza «ýürekden» (düşünmeklik arkaly emele gelýän we dogry saýlaw zerarly şatlyk getirýän) boýun bolmanyň deregine «kelleden» (ýagny edil gul kimin düzgünleri ýerine ýetirmekden) boýun bolmaklygy öwredenimizde, olara dogry pikirlenmegi we özbaşdak kararlary kabul etmegi öwredýän däldiris. Netijede ol ýa-da beýleki kynçylyk babatda berk we dogry pozisiýany eýeläp bilmän, çagalarymyz nädogry saýlawlar edýändirler, çözgüdiň ýeňil we oňaýly ýoluny gözläp, bu düzgünlerden öwrülip geçmäge çalşarlar. Näme üçin şeýle bolýar? Çünki düzgünleri ýerine ýetirmek islegi olaryň ruhy talaplary däl-de, düzgünler daşdan kimdir biri tarapyndan zorluk bilen berlen bir zat ýaly boldy. Biz çagalarymyza ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny düşündirip, soňundanam bu tapawudy şertleşdirýän sebäpleri açyp görkezenimizde, bu düzgünler olaryň «meniniň» bir bölegi bolýandyr we netijede biz olary islendik durmuş ýagdaýlarynda dogry saýlaw edip bilmegiň bilimi we ukyby bilen ýaraglandyrýandyrys.
Mysal edip, ýalany alalyň. Mukaddes Kitap ýöne düzgüni beýan etmeýär — ol bu düzgüniň peýda bolmagynyň sebäbini düşündirýär. Mukaddes Kitabyň hakykat baradaky taglymatyna çuňlaşmak bilen, biz hakykatyň özümiziň howpsuzlygymyz üçin girew bolup durýandygyna düşünýäris. Dogrymyzy aýtmak bilen, biz töwerekdäkileriň goldawyna we ynamyna eýe bolýandyrys, netijede bolsa, adamlaryň aralarynda has ynamly gatnaşyklar ýola goýulýandyr. Eger ýalany endik edinsek, onda biz adamlaryň ynamlaryny ödemeýändiris we olar bilen oňat gatnaşyklarymyzdan mahrum bolýandyrys. Çagalara diňe ýalandan gaça durmagy maslahat bermek ýeterli däldir. Biziň borjumyz — bu tema hakynda Mukaddes Kitap taglymatynyň manysyny olara ýetirmekden ybaratdyr.
Günä diňe Hudaýa ýaramaýandygy üçin ýaman däldir — ol ýerlikli däl, çünki ony Hudaý Özüniň dünýäni ýaradynyndaky niýetine girizmändi. Hut şu sebäpden hem günä ýakynlaşmak günäkäriň öz durmuşyna we ony gurşan adamlaryň hem durmuşlaryna tertipsizligi getirýändir. Hudaý tarapyndan bize berlen ähli düzgünler we düşündirişler Onuň bize bolan söýgüsi sebäplidir. Onuň ähli parzlary biziň ýagşylygymyz üçindir we olar çuňňur manydan doludyr. «On beýik parzlaryň» çagalara gönükdirilen ýeke-täk biri olary ata-enelerine hormat goýup, olara boýun bolmaklyga borçly edýär. Emma üns beriň, Hudaý şu ýerde: «Çünki Men şeýle diýdim!» diýip, nokat goýmaýar. Ýok, Ol bize düşündiriş berýär:
Gaty gyzykly, eger Şimşon özüniň fiziki güýjüni ulanyşy ýaly, öz ýüreginiň içki çeşmelerini şol kuwwatlylyk bilen ulanan bolsa, onda ol dünýäni nädip özgerdip bilerdi? Çünki onuň ähli eden günälerine seretmezden, onuň ady beýleki beýik pygamberleriň atlary bilen bir hatarda ulanylýar (Ýewreýler 11:32 seret). Eger-de ata-enesi oňa Hudaýy ýüregi, jany we bütin aň-düşünjesi bilen söýmekligi öwreden bolsadylar, onda onuň durmuşy nähili bolardy? Ol ýene bir Şamuwel ýa-da ýene bir Dawut bolup bilermidi?
Muny biz hiç haçan hem bilip bilmeris, çünki Şimşonyň günleri bireýýäm soňuna ýetdi. Emma siziň çagalaryňyzyň durmuşlary bolsa diňe başlaýandyr we siziň üçin esasy sorag şeýle: eger siz Manowanyň edip bilmedigini etmegi başarsaňyz, onda çagalaryňyz nämä ýetip bilerler?
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Öz çagalaryňyza Mukaddes Kitap parzlaryny delillendirmek üçin wagtyňyzy aýamaň. Bu olaryň bu düzgünlere garşy söz aýtmak gylyklaryny galdyryp, olary öz «peýdalary» üçin ulanmak maksady bilen käbir ylalaşyklyklara girmek keselinden sagaldar. Eger-de olar bu düzgünleri öz durmuşlarynyň esasy etseler, onda Mukaddes Kitap düzgünleriniň sebäplerine düşünmekleri olara özlerine wada berlen ýagşylyklar hakyndaky hakykaty açar. Eger özleriniň gulak asyjylyklarynyň hakyky miwelerini görüp bilseler, onda çagalar bilen bilelikde ähli adamlar hem bu düzgünlere we parzlara höwes bilen eýererler.
24-nji bap
Şamuweliň ösüş tapgyrlary:
Çaga psihologiýasy boýunça hünärmenler çagalygy birnäçe tapgyrlara bölýärler. Şu gün çagalaryň psihologik ösüşleriniň aýratynlyklaryna dogry düşünmäge we alan bilimlerimizi iş ýüzünde ulanmaga kömek edýän kitaplaryň giden köplügi biziň üçin elýeterdir.
Men Şamuweliň çagalygynyň taryhyny öwrenenimde, Mukaddes Kitabyň çaganyň ösüş tapgyrlaryny anyk kesgitleýändigini özüm üçin aýan edip, gaty geň galman, ýöne täsin şadyýanlyga eýe boldum. Ondan başga-da, Şamuweliň taryhynda aýratyn üns onuň ruhy ösüşine we imanynyň berkedilişine berlendir. Ýogsa-da, bu aýratyn üns çaganyň öz durmuş ýolunda Hudaý bilen şahsy aragatnaşyklarynyň tapgyrlaryna berlendir.
Mukaddes Kitap Şamuweliň çagalygynyň her bir döwründäki ösüş ýagdaýlaryny yzarlap bolýan anyk maglumatlary getirýär. Bu Mukaddes Kitap maglumatyndan peýdalanyp, biz çagalarymyzyň imanlarynyň we Hudaýa ýakynlaşmaklarynyň iň ýerlikli ýoluny anyklap bileris. Hudaýyň Sözi bu ýolda nädip araçäkdäki maksatlary goýmalydygyny, bir tapgyrdan beýleki tapgyra geçiş döwürlerinden nädip çagalarymyzy ugrukdyryp, olara goldaw bolmalydygyny bizi öwredýär.
Çagalyk
Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.
Mesihi-ata-eneleriň esasy meselesi — öz çagalaryna öwretmekdir. Mesihi şägirtçiligini deňeşdirme ýagdaýynda üç aýak görnüşinde göz öňüne getirmek mümkin: eger kimdir biri mesihi hökmünde ösmäge ymtylýan bolsa, onda onuň mesihi imanyny tanamakda, Hudaý bilen gürleşikde we alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmaklykda edil şahsyýet hökmünde ösmekligi hökmandyr. Çagalara öwüt-ündew bermek meselesinde bolsa, şu düzgünler ýerliklidir, emma bu ýerde başgaça derejede bolýandyr.
Hanna çaga edinip bilmeýärdi, şonuň üçin hem Hudaýa şeýle söz beripdi: eger Hudaý oňa ogul berse, onda ol oglunyň ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa hyzmat etmegi üçin, ony Oňa bagyş eder. Hudaý oňa Şamuweli berdi. Oglanyň ybadathanada ösüp-ulalmalydygyna seretmezden, Hanna entek süýtden aýrylmadyk çagany ybadathana eltip bilmedi. Şonuň üçin hem Hanna oglundan aýrylmady, ony goraýardy, söýýärdi we läliksiredýärdi, çagany üç ýaşyna çenli emdirdi.
Hannanyň mysaly bize çaganyň bäbek döwründe ýeke galmaly däldigini görkezýär, çünki durmuşyň bu tapgyrynda çaga entek Hudaýa tanamaga ukyply däl. Şeýle ýaşly çagalara Hudaýyň söýgüsini özümiziň söýgimiz we olar hakdaky aladamyz bilen aýan etmelidiris.
Şu döwürde biziň göz öňüne getiren üç aýagymyz entek gowşak, emma üç diregleriň ählisi hem bar. Çagalara ruhy öwüt-ündew etmekligiň iň oňat usuly — ukudan öň Mukaddes Kitap taryhlaryny okamak, dileg etmek we gürrüňdeş bolmak üçin kesgitli wagt bellemegi endik edinmekdir. Mukaddes Kitap gürrüňlerini okamak we çagalar bilen ýönekeý dilegleri etmek — şu ýaşdaky çagalara Hudaýy açmagyň ýene bir ýoly bolup durýar.
Ünsüňizi Hudaýyň söýgüsine we has ýönekeý hakykatlara jemläň. Öz dilegleriňizi we Mukaddes Kitap gürrüňleriňizi çagalaryňyzyň gündelik durmuşy bilen bagly etmäge çalşyň. Dilegler gysga we ýönekeý, çagalaryň düşünmekleri üçin elýeter bolmalydyr. Okalan gürrüňleri ara alyp maslahatlaşanyňyzda bolsa, ol gürrüňleri çaga durmuşynyň tejribesi bilen deňeşdirmeleri agtaryp tapmak gaty peýdalydyr.
Mümkin boldugyndan çagalaryňyzyň her haýsy bilen aýratyn meşgullanmaga synanyşyň, Hudaý bilen gürrüňdeşlik üçin günde wagt tapyp bilmeklerine kömek ediň. Toparlaýyn ýygnanyşyklar hem gerek, emma bu ýerde çagalara şeýle ýygnanyşyklaryň diňe bir ýekelikde däl-de, hemmeler bilen bilelikde Hudaýa sežde etmekligi öwrenmeklikdigini düşündiriň.
Mekdepden öňki döwür
Şoňa görä, men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun.
Soňra Elkana öýüne — Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.
Şamuwel süýtden aýrylanyndan soň, Hanna öz beren wadasyna wepaly bolup, ogluny ybadathana eltdi, şol ýerde ol Hudaýa hyzmat etmelidi. Kiçijik Şamuweliň ybadathananyň durmuşyna erjellik bilen gatnaşyp başlandygyna esaslanyp, biz Hannanyň ogluna öwretmek, onuň özüniň kimdigini, Hudaýyň oňa nädip durmuş berip, ony nähili beýik maksat üçin niýetländigini açmak üçin kän zähmet çekendigi hakynda aýdyp bileris. Oglan dessine «Hudaýa hyzmat etmäge» girişdi — görnüşi ýaly, ejesi oňa Ysraýyl babatda Hudaýyň niýeti hakynda gürrüň berip, hyzmat etmegiň düzgünlerini öwreden bolsa gerek.
Eger Şamuweliň ösüşiniň birinji tapgyrynda onuň ruhy taýdan ösmeginiň bütin jogapkärçiligi diňe ata-enesiniň üstüne atylan bolsa, onda ikinji tapgyrda Şamuwel öz üstüne anyk borçnamalary alýar, çünki onuň hyzmat etmeli wagty gelipdi. Şamuweliň nazary we iş ýüzündäki terbiýesi bilen ruhany Eliý meşgullanýar, emma şol bir wagtyň özünde Şamuwel özbaşdak hereket edip başlaýar.
Bu tapgyr gaty wajyp, çünki hut şu wagt biziň erjellik bilen eden gatnaşygymyzdan ruhy halypalygyň täze görnüşine geçiş başlanýar — indi çaga öz durmuşyndaky Hudaýyň hakykatynyň bardygyna özbaşdak jogap bermäge başlaýar. Uklamazyňyzdan öňürti Hudaý bilen ýüzleşmäge wagt tapmaga synanyşyň. Munuň üçin ýagdaýy biraz üýtgediň: eger öň siziň özüňiz dilegi tamamlaýan bolsaňyz, indi çagalaryňyz siziň bilen bile dileg etsinler (Hudaý bilen özüňiziň şahsy gürrüňdeşligiňiz üçin haýsy wagty saýlaýandygyňyz hakynda çagalaryňyza gürrüň beriň).
Haçanda çagalar bireýýäm ses bilen oňat okamaga başlanlarynda, özüňiziň ýolbaşçylyk etmek işiňizi taşlamaň we iň esasy maksady ýatdan çykarmaň: haçanda çagalaryňyz taýýar bolanlarynda, olaryň Hudaý bilen özbaşdak gürrüňdeş bolmaklaryna itergi beriň. Eger olar öňküleri ýaly ukudan öň Mukaddes Kitap gürrüňlerini eşitmek isleýän bolsalar, onda çagalar üçin Mukaddes Kitaby okamaga ýa-da dileg etmäge girişmeziňizden ozal olara nähilidir bir mesihi kitabyny okap beriň. Biziň mesihiler bolýandygymyz üçin, günde Hudaý bilen dilegde gürleşenimizde ýa-da Mukaddes Kitaby okanymyzda, Onuň yzyna eýermelidigimizi çagalaryňyza düşündiriň. Goý, agşamlar çagalary iş ýüzünde Hudaý bilen gürleşmeklige öwretmäge bagyş edilsin, emma çagalarda imanda özbaşdak ösmeklige bolan talaby we ukyby ösdürmekligiň neneň wajypdygyny ýadyňyzdan çykarmaň, çünki olar muny bütin ömür etmeli bolýandyrlar.
Mundan başga-da, şu tapgyrda çagaňyz özüniň nämä öwredilendigini we mesihi durmuşy babatda özleşdirenlerini iş ýüzünde görkezip bilmelidir. Mysal üçin, beýleki çagalar bilen süýjüsini paýlaşdy, doganlary bilen oňat gatnaşyk etdi, ululara gulak asdy, mähirli boldy. Bu ýerde görelde gaty wajypdyr: çagadan ýöne bir ahlakly hereketleri talap etmän, eýsem ony nädip etmelidigini oňa iş ýüzünde görkezmeli, şeýle-de, maslahatlar berip, ýalňyşlyklaryny düzetmäge kömek etmeli. Aň-düşünjeli esaslandyrylmalar babatda-da ýadyňyzdan çykarmaň: talaplar delillendirilen bolmalydyr, özüňi näme üçin onuň ýaly däl-de, hut şeýle alyp barmalydygyny çaganyň bilmäge hukugy bardyr.
Başlangyç mekdep döwri
Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi. Ejesi onuň özüne laýyk edip don tikip, her ýyl adamsy bilen bile gurbanlyk bermäge gelende, ony Şamuwele bererdi.
Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.
Awtoryň şu ýerde Şamuweliň ösüşini gürrüň bermän, ony görkezýändigi maňa gaty ýaraýar. Biz şeýle surata üns berýäris: ogluny ösüşine laýyklykda, Hanna ýyldan ýyla uly edilip tikilen efot bilen ybadathana dolanyp gelýär.
«
Bu ösüşde çagalara ata-eneleriň gürrüň berýän «iman hakyndaky taryhlary» gaty kömek edýär, çünki olar biziň ynanýanlarymyzyň hakykylygyny tassyklaýandyr. Çagalar dürli-dürli soraglar berýärler: näme üçin biz Mukaddes Kitabyň dogrudanam Hudaýyň Sözüdigine ynamlydyrys, biziň imanymyz ewolýusiýa nazarýetine neneň seredýär, dinozawrlar babatda näme we ş.m. Bu soraglaryň baryna hökman jogap bermeli. Bu meselelerde size kän oňat kitaplar kömek edip biler, ýogsa-da, jogap bermek siziň üçin kyn bolanda, ol jogaby çagalaryňyz bilen bile gözlemek gaty peýdalydyr. Iň esasy zat — soňa galdyrmazlyk. Ýakyn geljekde hut şu hem siziň üçin ilkinji orunda bolmalydyr.
Indi agşamlyk wagty (ýogsa-da, şu wagt bu siziň maşgalaňyz üçin oňaýly bolan islendik başga wagt bolup biler) çagalaryňyzyň Hudaý bilen şahsy gürrüňdeşlik wagtlary bolmalydyr. Çagalaryňyzyň ýanlarynda boluň, olara maslahatlar berip goldaň we olaryň imanda berkeýändiklerine göz ýetiriň, emma ýuwaş-ýuwaşdan olar Hudaý bilen özbaşdak gürleşmäge öwrenmelidirler. Çagalaryňyzyň hemişe bir hili dileg bilen Hudaýa ýüzlenmegi endik etmeklerine ýa-da her agşam şol bir kitaby okamaklaryna rugsat bermäň. Çaganyň dilegi ony tolgundyrýany, daş-töwerekdäkileri tolgundyrýany, onuň nähili kömege mätäçdigini görkezmelidir. Entek siz ses bilen dileg edýärkäňiz, çagalaryňyz sessiz dileg edip bilýändirler. Umuman, olarda özleriniň Hudaýa gürrüň bermek isleýän gizlin mätäçlikleriniň peýda bolmagy — oňat nyşandyr. Okamak üçin çagalaryň saýlajak bölekleri olaryň durmuşlaryndaky wakalara laýyk gelmelidir, olarda peýda bolýan soraglary beýan edip, olaryň bilesigelijiliklerini kanagatlandyrmalydyr.
Çagalaryňyzyň kabul eden kararlarynyň we edýän hereketleriniň netijelerini derňemegi olara öwrediň. Köplenç nädogry saýlawyň erbet miwe getirýändigini, dogry saýlawyň bolsa kanagatlanma getirýändigini subut edýän anyk durmuşy mysallary getiriň.
Ýetginjekligiň öň ýanyndaky döwür
Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.
Isanyň çagalygyny beýan etmek üçin nusga hökmünde alyp, Luka bu teksti ulanypdyr (Luka 2:40, 52 seret). Bu döwürde çagalar fiziki taýdan gaty çalt ösýärler, jyns taýdan ýetişmeklige başlaýarlar. Şamuweliň fiziki taýdan ýigitleşip başlandygyna üns berip, awtor Şamuwel «Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp» ösýär diýip, sözüniň üstüne goşýar.
Aslynda, çagalar käbir manyda öz ata-eneleriniň dowamlary bolup durýarlar. Tä çaga özüniň hususy şahsyýetini aýan edip başlamanka, ähli hukuklara eýe bolan şahsyýet hökmünde boýun alynmaýar. Hut şu tapgyrda her kimiň hakyky «meni» aýan bolýandyr we ol Hudaýyň we adamlaryň söýgüsini gazanýandyr, hak takygy: özüniň özbaşdak şahsyýetdigi baradaky hukugyna şertsiz eýe bolýar we indi ata-enesinden bagly bolman, öz edýän hereketleri boýunça töwerekdäkiler tarapyndan bahalandyrylýar.
Bu tapgyra öz-özüňe düşünmekligiň we özüňe berk ynamly bolmaklygyň köprüsi diýip bolar. Bu tapgyrda çagalar öz imanlarynyň manysyna we özleriniň maksatnamalaryna düşünip başlaýarlar. Şonuň üçin hem bu döwre çaganyň imanda berkemegindäki aýgytlaýjy ýagdaý hökmünde seredilmelidir.
Indi agşamky gürrüňdeşlikler çagany özbaşdak karar kabul etmeklige eltmelidir, mysal üçin, Mukaddes Kitap gürrüňleri ýygyndysynyň deregine indi ol eline Mukaddes Kitaby almaly. Şu pursat gelip ýetende, çagaňyza Mukaddes Kitaby sowgat etmäge çalşyň, şeýle etseňiz, onuň islän bölegini okamaga mümkinçiligi bolar. Eger siziň çagalaryňyz Hudaý bilen duşuşyga taýyn bolsalar, bu örän wajyp ýagdaýy gözden sypdyrmaň. Çagaňyzyň otagyna giriň we öňe gitmegiň wagtynyň gelendigine göz ýetirmegiňiz üçin, onuň bilen gürleşiň. Onuň bilen edil çaga kimin däl-de, özüňize barabar adam bilen bolşy ýaly gürrüň ediň, oňa näme hakda okap, ýekelikde näme hakda dileg edýändigiňiz hakynda gürrüň beriň. Bu «köprüden» — atanyň ýa-da enäniň ses bilen okaýan Mukaddes Kitap gürrüňlerini diňlemekden Mukaddes Kitaby özbaşdak okamaklyga geçiş döwri — ata-eneler tarapyndan ünssüz galdyrylýar we çagalar gerekli bolan ýolbaşçylygy almaýarlar, netijede bolsa edilmeli däl ýalňyşlyklar edilýändir. Çagalaryňyzyň özbaşdak ösmekleri üçin olara ýeterli azatlygy beriň, emma bu azatlyk olaryň şol «köprüden» ýykylmaklary üçin ýeterli bolmaly däldir.
Şu tapgyrda ýygnaga gatnaşmak has şahsy häsiýete eýe bolýandyr. Çagaňyzyň ýygnaga öwrenişmegine, şol ýerde dostlaryny tapmaga kömek ediň we dostlaryny saýlamagynyň dogry bolmagyna üns beriň.
Ýetginjeklik döwri
Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi. Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bolan bütin Ysraýyl bildi. Şiloda Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.
Wah, bu ýetginjeklik ýaşy! Mukaddes Kitabyň beýan edişine görä, Şamuweliň azajyk-da gulak asmazlygy döretmändigine, ulular bilen ýekeje gezek hem gapma-garşylyga girmändigine, ýagny imandan gaçmak howpuna ýekeje gezek hem baş goşmandygyna siz üns berdiňizmi?
Ýaş Şamuweliň bu täze we iň şöhratly döwri Hudaýyň oňa ýüzlenmeginden we oňa gaty wajyp habary aýtmagyndan başlanýar. Ýetginjeklik döwrüne aýak basan çagalarymyzyň dilegleri has içgin, çuňňur şahsy bolmalydyr, diňe bir ýönekeý isleglere degişli bolman, eýsem olaryň ruhy ýollarynda peýda bolýan kynçylyklary hem öz içine almalydyr. Çagalar öz şahsy dilegleri üçin wagt tapmalydyrlar, ýöne ata-eneleriň roly bolan ugrukdyrmak, dogurlamak, hemişelige we tertip-düzgüni öwretmeklik öňküligine galýandyr. Mysal üçin, bu hut ata-eneleriň öz çagalarynyň dogry iýmitlenmeklerine syn etmelidikleri ýaly, gaty wajyplygyna galýandyr.
Çagalaryňyz bilen açyk gürrüňdeş bolmak endigiňizi hem galdyrmaň. Olaryň iman ýolunda nähili gidýändikleri bilen gyzyklanyň, özüňiziň näme öwrenýändigiňiz, näme okaýandygyňyz, näme hakda dileg edýändigiňiz we näme bilen göreşmeli bolýandygyňyz hakynda gürrüň beriň.
Isanyň ösüşini beýan edip, Luka iki habary gürrüň berýär. Bu iki habar Mukaddes Kitabyň Şamuweliň ösüşi hakyndaky maglumatlaryna gaty laýyk gelýär. Lukanyň has kän barlag işlerini geçirip, öz döwürdeşleriniň köpleriniň şaýatlyklaryna ýüz tutandygy üçin, Isanyň dogulmagynyň we Onuň çagalygynyň giňişleýin maglumatlary üçin Merýeme ýüz tutandygy hiç kimde şübhe döretmeýän bolsa gerek. Merýem bolsa Hannanyň taryhyny, onuň Hudaýa aýdan öwgi aýdymyny bilmän bilmezdi. Bu delilleriň bary şeýle çaklama etmäge rugsat berýär: Şamuweliň ilkinji ýyllarynyň taryhy Merýem bilen Ýusuba özleriniň ata-enelik işlerini ýerine ýetirmegiň dogry usulyny tapmaga ýardam etdi.
Ýusup bilen Merýem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar. Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
Ýaşaýşyň gaty çylşyrymly bolup, ençeme tapgyrlardan durýanlygy üçin, mesihi ruhy ösüşi çagalar üçin bolşy ýaly, ulular üçin hem gündelik we yzygiderli hyzmaty göz öňünde tutýandyr. Şamuwel bilen hut şeýle bolupdy we Isa bilen hem hut şeýle bolupdy. Biziň maksadymyz öz çagalarymyzy öwretmeklikden, terbiýelemekden we olary özbaşdak durmuşa, geljekki dyngysyz kämilleşige taýýarlamakdan durýandyr. Bularyň bary ruhy dünýä hem degişlidir. Beýleki taraplarda bolşy ýaly, bu ýerde-de biz çagalarymyzy özbaşdaklyga — olaryň Hudaý bilen dogry gatnaşyklary gurup biljek pursatlaryna taýýarlamalydyrys. Hudaý bilen bu gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, öz imanlarynyň esasyna düşünip bilmeklerine, mesihi jemgyýetinde mynasyp orny eýeläp bilmeklerine taýýarlamalydyrys.
Biz günde çagalarymyzyň öňe gitmeklerine kömek edip, olaryň bu maksada ýetip bilmeklerine eltmelidiris. Emma çalt üstünlige umyt baglamaly däldiris, çagalarymyzy wagtyndan öň gyssap, wakalary-da çaltlandyrmaly däldiris. Hudaýyň niýeti kämildir, çünki çagalaryň imanda, ata-eneleriň bolsa akyldarlykda ösmeklerine mümkinçilik berýändir.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ine, çagalaryň dilegde geçirýän wagtlaryny olaryň ösmekleriniň her bir tapgyrynda has miweli etmäge degişli bolan birnäçe maşlahatlar.
Çagalyk. Çagalary Hudaýyň dünýäni ýaradyşy we Onuň Öz ýaradanyna bolan söýgüsi hakyndaky mesihi taglymaty bilen tanyşdyryň.
Mekdepden öňki döwür. Ýekelikdäki dilegde Hudaý bilen şahsy gürrüňdeşligiň wajypdygyny çagalara düşnükli edip düşündiriň. Ilki bilen çagalaryňyzyň dileglerine ýolbaşçylyk ediň, onsoň ýuwaş-ýuwaşdan olaryň özbaşdak dileg etmeklerine kömek ediň.
Başlangyç mekdep döwri. Çagalaryňyza Mukaddes Kitaby özbaşdak okamagy öwrediň. Okalana dogry düşünendiklerine göz ýetirmek maksadyňyz bilen, olara soraglar beriň. Olarda Hudaý bilen şahsy gürrüňdeşligiň peýda bolmagy üçin eliňizden gelenini ediň.
Ýetginjekligiň öň ýanyndaky döwür. Şu wagtda çaga ata-enesiniň ýanynda dileg edip bilmeklige aýratyn üns bermelidir. Çagaňyzyň özbaşdak we siziň bilen bile dileg edip bilmegine kömek ediň.
Ýetginjeklik döwri. Çagalarda Hudaý bilen şahsy gürrüňdeşlik üçin wagtlary bolmalydyr. Siziň özüňizde hem dileg üçin aýratyn wagtyňyzyň bardygyny ýetginjek çagalaryňyza görkeziň. Hudaý bilen aç-açan gürrüňdeşlik döwrüňizde özüňiziň nähili gyzykly açyşlyklar edendigiňiz hakynda olara gürrüň beriň. Öz çagalaryňyz üçin günde dileg ediň.
25-nji bap
Şamuwel ybadathanada:
Şamuweliň terbiýesi ybadathanada bolup geçdi we oňa Ysraýylyň ruhy serdary ýolbaşçylyk etdi. Hut şol ýerde Şamuwel iman gahrymanlarynyň biri boldy.
Belki-de, mesihi terbiýesi meselesine bolan iň amatly usul şundadyr? Bu ýygnagyň göni işine meňzeýär, şeýle dälmi?
Emma netijeler bilen howlukmalyň.
Eliýiň ogullary hem ybadathanada terbiýe alyp, ähli ybadathana dabaralaryna gatnaşypdylar, emma olar ogry bolup ulaldylar, ybadathanada hyzmat edýän aýallar bilen zyna etdiler we ahyrsoňy öz ýollaryny şeýle bozdular welin, Hudaý olaryň üstlerinden Özüniň gazaply hökümini çykardy.
Şeýlelikde, ýagdaýa oňatja üns berip seredeniňde, terbiýe meselesinde diňe ýygnagyň täsirine bil baglap, gaty oňat bolmadyk netijäni alyp bolýandyr.
Ilkinji gezek Hudaý Şamuwele ýüzlenip, Eliýiň ogullarynyň üstlerinden Özüniň gazaply hökümini çykarmak niýetiniň bardygyny aýan edipdi, çünki
Şamuwel Eliýiň ogullarynyň ýanynda ulalypdy we olaryň günäli işlerini, kakalarynyň bolsa olara ýolbaşçylyk etmeýänligini görüpdi. Görnüşi ýaly, haçanda Şamuwel Eliýiň ornuny tutmaly wagty gelende we özüniň çagalaryny ybadathanada terbiýelemeli bolanda, ol bu meselede has üstünlikli bolaýmalydy? Emma bu beýle bolmady.
Şamuwel garrap, ýaşy bir çene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy. Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar. Şamuweliň ogullary öz kakalarynyň ýolundan gitmediler; gaýtam diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.
Görnüşi ýaly, çagalary terbiýelemegiň jogapkärçiligini bütinleý ýygnagyň üstüne atmak ýalňyş karardyr. Eliýiň maşgalasyndaky gatnaşyklaryň gurluşy Şamuwele onuň ybadathananyň diwarlarynda alan täliminden gaty güýçli täsir eden bolmagy mümkin! Eliýiň işleri onuň sözlerinden-de gaty gygyrdymyka?
Musa arkaly Hudaý Ysraýyla çagalary terbiýelek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Ata-eneler ruhy taýdan hüşgär bolup, erjellik bilen Hudaýy agtarmalydyrlar, Onuň ýollaryndan ýöremelidiler we şeýdip olar öz çagalaryna görelde bolmalydylar, olara özleriniň iman ýollary, ruhy tejribeleri hakda gürrüň bermelidiler. Olar öz çagalaryna Hudaýyň Sözüni öwretmäge, onuň manysyny düşündirmäge, dürli durmuş ýagdaýlarynda Hudaýyň parzlaryny iş ýüzünde nähili ýerine ýetirmelidigini özleriniň mysallarynda görkezmäge borçludylar. Elbetde, ruhy terbiýäniň bir bölegi — bu ybadathana barmakdy.
Gynansak-da, ysraýyllylar Hudaýa hyzmat etmediler we Onuň ýaş nesli terbiýelemek hakyndaky talabyny ýerine ýetirmediler. Şamuwel has amatly ýerde ösüp ulaldy, çünki bu hakda onuň ejesi alada edipdi (şeýle-de, belki, öz ogullary üçin däl-de, hut Şamuwel üçin oňat halypa bolan goja Eliý hem bu hakda alada edendir). Emma Şamuweliň Eliýiň öýünde bolup geçýänleriň şaýady bolandygy üçin, bu onuň öz çagalaryny terbiýelemegine bolan garaýşyna öz täsirini ýetirmän bilmezdi.
Nähili bolandygyna seretmezden, Şamuweliň oňat terbiýesi Ýaradyjynyň garaşsyz bolan erkiniň adatdan daşary eden hereketi boldy. Biz ata-enelik işimizde adatça öz ata-enelerimizden görelde alýarys. Şamuwel hem erbet göreldesini şagalaryny terbiýelemekde ulandy. Hudaýyň erkinde bolmaklyk ata-enelik başarjaňlygyny girew berýän däldir. Bu edil gaty başarjaň hasapçynyň öz çagalarynyň hem pullara akyldarlyk bilen eýeçilik edip biljekdiklerine ynamly bolup bilmeýändigine meňzeşdir. «Hudaýdan bolan» ata-enelik başarjaňlygy taglymatda erjelligi, şahsy güýji, maksada laýyklygy we ruhy hakykatlary hakyky durmuşda ulanyp bilmekligi göz öňünde tutýandyr. Emma islendik ýagdaýda-da, çagalaryny dogry terbiýelemek meselesinde özleriniň dogruçyl we Hudaýa hormat goýujy ýagdaýda terbiýelenen ata-eneler üçin ýeňil bolýandyr. Çünki biz özümiziň geçmişdäki tejribämize ýüz tutanymyzda, dessine dogry ugry saýlaýandyrys.
Şamuweliň döwründäki ysraýyllar ýaly, Mesihiň Teniniň agzalary bolan biziň öňümizde ýeňil bolmadyk mesele dur: Gellap institutynyň maglumatlaryna görä, on sekiz ýaşlaryna ýeten ýygnakda terbiýelenenleriň diňe 30%-i ýygnagyň işjeň agzalary bolup galýarlar. Mundan şeýle netije gelip çykýar: çagalarymyzyň 70%-ini biz ýitirýäris, bu dünýäniň gurbanlary edýäris. Bu az bolmadyk ýitgileriň sebäpleri Şamuweliň neslini ruhy taýdan dargamaga getirenlere meňzeşdir.
1. Biz Onuň Sözünde özümize berlen çagalary terbiýelemegiň Mukaddes Kitap gurluşyna bolmalysy ýaly erjellik bilen eýermeýäris.
2. Kesgitli taryhy pursatda biz çagalary «hünärmenler» terbiýelemeli diýen pikire satyldyk.
Biz çagalarymyzy mekdebe iberip, olara ol ýerde näme öwredýändikleri bilen gyzyklanmaýarys, çünki munuň «mugallymyň işidigine» bizi ynandyrdylar. Şeýle usul bireýýäm ençeme nesle mahsus boldy we mesihi terbiýesiniň esasyny sarsdyrýandyr.
Häzirki zaman hünärmenleri diňe özleriniň biziň çagalarymyzy esasy durmuş hakykatlaryna öwredip bilmeklige ukyplydyklaryny nygtaýarlar. Ilki bilen olar öz üstlerine olaryň jyns taýdan terbiýesini aldylar. Soňabaka, biziň çagalarymyz artyk agrama eýe bolup başlanlarynda, mekdep olara diýeta, fiziki maşklar we dogry iýmitlenmek hakyndaky nazarýetleri öwredip başlady. Netijede biziň jemgyýetimizde geň ýagdaý peýda boldy: hünärmenler ýolbaşçylygy näçe öz ellerine aldyklaryça, şonça-da her bir geljekki nesliň ata-eneleri haýal etmän bu pikir bilen ylalaşdylar. Bu pikir bolsa, ine, şeýle: çagalary terbiýelemegiň borçnamalaryny şu hünärmenlere tabşyrmak, başgaça aýdanymyzda, hemişe ata-ene borjy diýlip gelnenden özüňi azat etmeklikdir. Emma bu-da entek bary däl.
Resmi barlaglar biziň çagalarymyzyň hakyky durmuş üçin wajyp bolan iş ýüzündäki bilimlere eýe bolman, orta mekdebiň diwarlaryny taşlaýandyklaryny görkezdi. Ýene-de şol hünärmenler her dürli sapaklary gurnamak maksatlary bilen mekdeplere tarap okduryldylar. Olaryň bu sapaklaryna laýyklykda, çagalar özleriniň bankdaky hasaplaryna ýolbaşçylyk edip, öz iş derejelerini galdyryp bilýänmişler.
Bu ýagdaý ençeme ýyllara uzaldy, çünki nädogry bolan bu tejribe her bir täze nesilde gitdigiçe çylşyrymlaşdy. Şu gün bolsa biz ata-eneleriň wezipesiniň diňe öz çagalaryna ýaşamak üçin jaý, iýmek üçin iýmit we ýylanmak üçin hem geýim bermek, olaryň wagtlaryny gyzykly geçirmek diýen pikire geldik, öwretmek we terbiýelemek — bu ata-ene wezipesi däl.
Bu nädogry we sagdyn bolmadyk garaýyş nähili derejede ruhy terbiýä täsir etdi? Kimdir biri özleriniň çagalarynyň terbiýesi bilen meşgullanar diýen umyt bilen, mesihi ata-eneleriň aglabasy kime bakýarlar? Ýygnaga. Dogrudanam, ata-eneler terbiýesi ulgamynda emele gelen boşlugy doldurmak üçin ýygnak elinden gelenini edýär. Ata-eneleriň isleglerine jogap edip, ýygnak öz üstüne daşdan goýlan şeýle borçnamalaryň ýüküniň astynda çagalar üçin terbiýe beriji we bilim beriji programmalaryň çäksiz sanyny teklip edýär.
Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň.
Resul Pawlus biziň öz çagalarymyzy mesihi taglymatlary, dilegler ýa-da Mukaddes Kitap taryhlary bilen ýüklerini agyr etmeli däldigimiz hakynda aýdýar. Emma ol ata-enelere: «Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň» diýýär. Aslynda, Pawlus Musanyň sözlerini gaýtalaýar: Hudaýyň Sözüni çagalaryňyza berýän öwüt-ündewiňiziň esasy ediň we olarda onuň akyldarlygyna laýyklykda ýaşap bilmek ukybyny terbiýeläň.
Üns beriň. Näme üçin: ne Musa, ne-de Pawlus ruhanylar we ýygnak hakynda ýekeje-de söz aýtmadylar?
Näme üçin çagalary Hudaýyň erkine gulak asmaklykda terbiýelemek jogapkärçiligi hut ata-eneleriň üstlerine ýüklenen? Biz öz imaňy tanamak, Hudaý bilen gürleşmek we alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmaklykda edil şahsyýet hökmünde ösmeklik ýaly böleklerden ybarat bolan mesihi şägirtçiliginiň üç aýagy hakynda ýadymyzdan çykarmadykmy? Ýygnak çaganyň öz imanynyň esasyna düşünmegine kömek edip bilýändir, emma ol beýleki iki diregi çalşyp bilýän däldir.
Çagalary Hudaýa getirmek üçin gündelik zähmet talap edilýändir. Ondan başga-da, çagalaryň alan bilimlerini iş ýüzünde ulanyp bilmekleri üçin, haçanda olar urşanlarynda, kimdir biriniň eli onuň soňky kökesini alanynda, haçanda ýumruk urlanda, siz hökman şol ýerde bolmalysyňyz. Hudaý Özüniň näme edýändigini bilýändir we Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde-de biz öz çagalarymyzyň terbiýesini başga birine tabşyrmalydygy hakynda tabşyrygy tapýan däldiris, çünki
Her bir çaga üçin onuň öz ata-enesiniň mysaly islendik beýlekilerden has ýakyn we düşnüklidir. Eliý özüniň mugallymlyk we terbiýeçilik borçnamalaryna bolan gatnaşygynyň, şeýle-de, onuň öz maşgalasyndaky gatnaşyklaryň Şamuweliň ykbalyna we geljekki nesilleriň ykballaryna nähili täsir etjekdigi hakynda oýlanmadyk bolsa gerek.
Şamuweliň nesli Hudaýa hyzmat etmedi we Onuň ýollary bilen ýöremedi, şu sebäbe görä, şol nesliň çagalary dogry terbiýe almadylar. Ata-eneler Hudaýyň parzlaryndan uzaklaşdyklaryça, täze nesiller hem bir-birleriniň yzlaryndan ýapgytdan aşaklardan aşaklara gaçdylar. Şamuweliň çagalygy giden garaňkylygyň içinde ýagtylygyň uçguny kimin ýalpyldady we geljekki nesillerde oňa meňzän bolmady, çünki onuň durmuşy Hudaýyň niýeti boýunça amala aşan adatdan daşary ýagdaýdy.
Şamuweliň taryhyny has ünsli okap, biz ony Hannanyň ybadathana alyp barmagy hakyndaky Hudaýyň tabşyrandygy barada maglumat tapyp bileris — bu Hannanyň özüniň islegidi (1 Şamuwel 1:11, 22 seret). Maňa nädogry düşünmäň, Hudaý Şamuweliň durmuşyny başyndan ahyryna çenli gördi we baryny Özüniň maksatnamalaryna laýyklykda gurnady. Emma çagalary ruhy taýdan terbiýelemegiň diňe ata-eneleriň işidigini Mukaddes Kitabyň ýene we ýene gaýtalaýandygy sebäpli, bizde Şamuweliň taryhyny edil Hudaýyň düzgünlerinde daşary ýagdaý hökmünde seretmäge esasymyz bar. Şamuweliň özüni öz ogullarynda görkezip bilmändigi, emma tersine, Eliýiň öz ogullarynda beýan edilen onuň terbiýeçilik tejribesini gaýtalandygy bu ýagdaýyň (Şamuweliň terbiýelenişiniň) adaty däldiginiň şertsiz tassyklamasydyr.
Çagalary Hudaýa ýakymly terbiýelemegiň ähli sylaglary Hanna berilmelidir, çünki ogluny ybadathanada terbiýelenmek üçin eltmezinden ozalky, ýagny onuň ilkinji ýyllaryndaky eden işi gaty gymmatlydyr. Ýygnagyň bilim we terbiýe beriji sapaklary köplenç peýdalydyr we olar çagalaryňyzy terbiýelemekde wajyp orny eýelemelidir. Emma muňa seretmezden, biz hut özümize Hudaýyň başdan bellän borçnamalaryna dolanmalydyrys. Bu borçnamalar Hudaýyň Özüniň Durmuş Kitabynda bize beren parzlaryna laýyklykda öz çagalarymyzy terbiýelemekden, Hudaý bilen gündelik gürrüňdeşligi öwretmeklikden ybaratdyr. Hudaýyň Sözüniň esasynda çagalarymyza jynsy durmuş, pul, aragatnaşyklar, maşgala, hünär saýlamak we beýlekiler hakynda
Hudaý
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ýygnak çagalaryňyzy siziň deregiňize terbiýeläp bilýän däldir, emma terbiýelemek işinde size uly kömek edip bilýändir. Çagalaryňyzy ýygnaga alyp baryň we olaryň şol ýerde Hudaý baradaky hakykatlary öwrenmeklige girişmeklerine kömek ediň. Ýygnagyňyzda çagalar sapaklaryny alyp barýanlar bilen tanşyň we ol sapaklaryň mazmuny bilen tanyş boluň. Oňat gollanmalary saýlap, ýygnakdaky sapaklary öýdäki ýumuşlar bilen doldurmaga synanyşyň. Ýygnagyňyzda ata-enelere öz çagalaryny Hudaýyň düzgünleri esasynda terbiýelemäge kömek edýän sapaklaryň bardygyny anyklaň, eger bar bolsa, onda olaryň işine erjellik bilen gatnaşyň. Çünki çagalara Hudaýyň Sözüniň başlangyçlaryny öwretmekdäki esasy rol size we diňe size degişlidir.
26-njy bap
Eliýiň ýazykly ogullary:
Eliý özünden soň erbet nesil galdyrdy. Bu ýazykly ruhanylar — onuň ogullary — adamlary ogurlaýardylar, olara hyýanat atýardylar we Hudaýa sežde etmek üçin ybadathana gelenleri hatda zorlaýardylar.
Hudaý dörän ýagdaý bilen bagly bolan Öz niýetini Şamuwele aýan edende, Ol barmagynyň ujy bilen Eliýiň ogullaryna göni bagly bolan çagalary terbiýelemek meselesine görkezdi.
Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.
Bu taryhy ünsli okanymyzda, Hudaýyň aýdan bu sözleri bizi aljyraňňylyga salyp biler. Biziň derňän geçen babymyzda Eliý ogullarynyň edýän hereketleri üçin olara käýäpdi. Onsoň awtor ogullarynyň kakalaryna gulak asmandyklary hakynda ýazýar, çünki Hudaý bireýýäm olary öldürmek kararyny kabul edipdi (1 Şamuwel 2:26–36 seret).
Eger Eliý öz ogullaryna garşy adalatly käýinç sözlerini aýdan bolsa, onda näme üçin Hudaý oňa garşy çykdy? Şeýle-de, eger Hudaýyň Özi Eliýiň ogullarynyň kakalarynyň sözlerine gulak asmaklaryna ýol bermedik bolsa, onda näme üçin ýene Hudaý Eliýi günäkärleýär?
Meniň pikirimçe, iki sözüň manylaryny anyklap, bu soraglaryň jogaplaryny tapyp bolýandyr. «Käýemek» diýmek edilen hereket üçin kimdir birini berk tankytlamakdyr, «saklamak» bolsa, nähilidir bir işiň amala aşmagyna rugsat bermezlikdir. Hudaý Eliýiň öz ogullaryny saklamagyny buýranda, Eliý bolsa olara käýeýär. Bu taryhda çagalaryň özlerini alyp baryşlarynyň düzedilişiniň iki görnüşi getirilendir: biri nädogry, beýleki dogry. Birinji, ýalňyş görnüşine seredip geçeliň.
Nusgawy suraty göz öňümize getireliň: ata (ýa-da ene) jemgyýetçilik ýerde özüni erbet alyp barýan çagasyna täsir etmegini üstünliksiz dowam etdirýär. Ýuwaş bolmyklyk baradaky birnäçe netijesiz synanyşykdan soň çaga: «Näme üçin sen hemişe özüňi jemgyýetçilik ýerde şeýle alyp barýaň?» diýen soragy eşidýär. Bu sözleriň yzy bilen gorkuzmak eşildilýär: «Bolýar, mundan beýläk men seni hiç haçan hem öz ýanym bilen almaryn». Çagany akyllandyrmagyň ýene birnäçe üstünliksiz synanyşklardan soň ony azatlykdan mahrum edip, gykylyk we agy sesleri bilen ony otagdan çykarýarlar.
Eliýiň öz ogullaryna aýdan käýinji şeýledi: «
Bir gezek men kiçi gyzlary tarapyndan göni manyda hüjüm edilen maşgalada boldum. Ol hiç kimi we hiç zady diňlemeýärdi, pitne turuzýardy, gygyrýardy, çirkin ses edýärdi we haçanda ol gyzdan bir zat talap edenlerinde, ol her gezek şermendelik edýärdi. Ata-ene meniň kömegimi diledi. Agşamlyk naharyndan soň uky wagty gelende, adaty uruş başlandy we ony otaga süýräp girizdiler, emma men özümiň ara goşulmagymy soradym. Haçanda men otaga girenimde, gyzjagaz öz düşeginde otyrdy. Men onuň ýanynda oturyp, ýumşak sesim bilen söze başladym. Näçe kän gürleşdigimçe, şonça-da onuň ýüzi aladaly görünýärdi. Ahyroňy ol: «Siz meni şarpyklajak dälmi?» diýip sorady.
Şeýle garaşylmadyk soraga haýran galyp, men näme üçin ony urmalydygym hakynda soradym. «Çünki siz meni urmaly — diýip, gyzjagaz jogap berdi. — Ilki bilen men özümi erbet alyp barýan we gygyrýan, onsoň meni otagyma süýräp girizip, şarpyklaýarlar». Bu kiçijik gyzjagazyň ata-enesiniň özleri ony bu tansa çekipdirler we bu gyzjagaz hem bu tansyň ähli hereketlerini oňat özleşdiripdir. Onuň düşünişi boýunça, durmuşyň manysy hut şundan ybaratdy. Ol özüniň gulak asyjy bolup, umumy işe gatnaşmalydygyny bilmeýärdi, emma özüniň ata-enesi bilen söweşmelidigini, onsoň olaryň ony otaga süýräp girizip, urmalydyklaryny oňat bilýärdi.
Biz öz çagalarymyza özümiziň umumy maşgala «tansymyzda» dogry hereketleri etmegi öwretmelidiris, emma munuň üçin bizden berk talap edijilik talap edilýändir. Eger siziň çagaňyz nädogry hereket edýän bolsa, onda onuň tertip-düzgün çärelerine mätäçdigini biliň. Ýöne sesiňiň barynda gygyryp, buýruk bermek ýeterli däldir, çünki gygyrýan ata-ene talap ediji we akylly terbiýeçi bolup bilýän däldir. Munuň deregine düzgüniň manysyny we bu düzgüni ýerine ýetirmegi talap etmegiňiziň sebäbini çaga düşündirmek gerekdir. Munuň näme üçin şeýle wajypdygyny çaganyň düşünmegine kömek ediň.
Onsoň sizden çaga dogry ýoly görkezip, onuň hereketiniň düzelmegine alyp barýan ähli basgançaklardan geçirmek talap edilýär. Mysal üçin, siz çagalaryňyzy agşamlyk naharyna çagyrýarsyňyz, olar bolsa, adatça bolşy ýaly, siziň talabyňyza üns bermeýärler. Ikinji gezek sesiňiziň baryndan gygyrmaň — çaga otagyna baryp, agzalaryň ählisiniň bir-birlerine kömek edýän, bir-birlerini hormatlaýan maşgalanyň neneň oňat ýaşaýandygyny çagaňyza düşündiriň, kimdir biri nahar bişirýär, kimdir biri saçak taýýarlaýar we hemmeler şatlanmak hem-de gyzgyn nahardan lezzet almak üçin saçak başyna gelýärler. Ähli aýdanlaryňyzyň düşnükli ýa-da düşnükli däldigi hakynda çagaňyzdan soraň we kanagatlanarly jogap alyp, ýene bir gezek nahar iýmäge çagyryň, emma bu gezek aşhana gitmän, çaga otagynda durup, çagaňyzyň elinden tutup, ýumşak sesiňiz bilen aşhana gitmegi haýyş ediň. Ol ýere bile gidiň we maksada ýeteniňizden soň, çagaňyzy öwüň.
Çagalaryň gulak asmazlygyna hiç haçan hem ýol bermäň. Bolmasa özüňiz üçin asla ýakymly bolmadyk umumy maşgala «tansyňyzdaky» hereketleriň bozulmagynyň günäkäri özüňiz bolarsyňyz. Ine, ýene bir surat: telewizoryň öňünde oturan ogluny enesi ençeme gezek çagyrýar, ogly bolsa enesiniň çagyrýandygyna biperwaý otyr. Ene çagasynyň haýal etmän saçak başyna gelmegini talap edip, gygyryp başlaýar, emma hiç zat üýtgemeýär. Şondan soň kakasy çaganyň elinden tutup, güýç bilen saçak başyna süýräp getirýär. Eger siz şeýle usul bilen ylalaşyp, ony düzetmeseňiz, onda siziň çagalaryňyz ähli hereketleri berk ýatlarynda saklap, her gezek olary birkemsiz ýerine ýetirmäge öwrenerler we siziň adaty soragyňyz bolan: «Näme üçin sen beýle edýärsiň?» diýen gykylygyňyza-da asla üns bermez.
Ýogsa-da, soňky ädim hökmünde fiziki taýdan täsir etmek hem mümkin usullaryň biridir. Babyň başynda Mukaddes Kitapdan getirilen aýatdaky «saklamak» sözi iş ýüzünde nädip gulak asyjy bolmagy görkezmegi aňladýandyr, soňundan bolsa ata-enäniň talabynyň ýerine ýetirilişine ýumşaklyk bilen hemişe gözegçiligi amala aşyrmaly. Eger biz çagalarymyzy ýamandan saklap, oňatlyga bolan bütin ýoly olar bilen bile ädimme-ädim geçmäge başlasak, şonda bize olary käýemek we olaryň näme üçin şeýle bet hereket edýändiklerini soramagyň geregi bolmaz. Eliýiň:
Terbiýe beriji usulyň talap edijiligi ata-enelerden kän güýji talap edýändigine seretmezden, ol bu güýji ödeýändir, aýratynam biziň garrylyk günlerimizde bu sylag uludyr.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Hatda ujypsyzja zatda-da gulak asmazlyga ýol bermek bolmaz. Goý, bu naharlanmaga bolan çagyryş, öz otagyny arassalamak talaby ýa-da başga bir zat bolsun — çagalar nämäniň mümkindigini, nämäniň bolsa ýokdugyny we düzgünleriň hem nähilidigini bilmelidirler. Öz talaplaryňyza çagalaryňyzyň haýsy soraglarda köplenç gulak asmazlyk döredýändiklerini anyklaň we olardan özüňiziň nämä garaşýandygyňyzy, nädogry hereketleriň netijeleriniň nähili bolup biljekdigini olara düşündiriň. Onsoň özlerini alyp barmagyň nädogry usulyny dogurlamaga ädimme-ädim kömek ediň. Gulak asmaklyk tejribesi oňa garşy bolan erbet gylyklaryňky ýaly ýeňillik bilen gelýändir, emma şunuň bilen olaryň arasyndaky meňzeşlik gutarýandyr, çünki birinji ady tutulan biziň maşgalalarymyza sazlaşygy getirip, çagalarymyza özlerine barlag edip bilmegi öwredýändir.
27-nji bap
Şamuwel we Eliý:
Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy. Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi. Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: “Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär” diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy. Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
Şamuweliň durmuşynda bu täsin waka bolup geçende, ol on iki ýaşlaryndady. Men «täsin» diýýärin, çünki Hudaýyň tanamak we Oňa ýakynlaşmak — biziň üçin hem bu durmuşda, hem-de geljekki durmuşda elýeter bolan beýik patadyr. Şamuweliň taryhyny ünsli öwrenmek bize bu ähli patalardan ajaýyp pata eltýän ýola çagalarymyzy ugrukdyrmaga kömek eder.
Şamuweliň ejesi ony süýtden aýyrýança oňa Hudaý hakda gürrüň berdi. Haçanda hemişelik ýaşamak üçin ybadathana göçmeli bolanda, ogly höwes bilen ejesiniň erkini ýerine ýetirdi we dessine Hudaýa hyzmat etmekde Eliýe kömekleşmäge girişdi. Şamuwel Hudaýa ybadathanada hyzmat etdi, şol ýerde ol bilim aldy, Hudaýyň Sözüni öwrendi we gün-günden Hudaý hakda alan bilimlerini we Onuň parzlaryny öz durmuşynda ulanmagy öwrendi. Şeýdip onuň häsiýeti berkedi we ol Hudaýa hem adamlara bolan söýgüde ulaldy. Ýöne tekstiň şu böleginde:
«Hudaýy tanamak» diýen Mukaddes Kitap pikiri Hudaý hakdaky nähilidir bir hakykatlary bilmek endiginden gaty artykdyr. Hudaýy öz şahsy tejribämizde, ýüregimiziň töründe tanamagymyz Onuň üçin ýakymlydyr.
Emma Şamuweliň pygamber bolmagy Hudaý tarapyndan öňünden kesgitlenipdi we Şamuweliň tejribesi bilen häzirki zaman mesihi terbiýesiniň arasynda deňeşdirme getirmek dogry bolarmy? Meniň pikirimçe, bu mümkindir. Köne Äht döwründe Mukaddes Ruhuň hyzmaty esasan Hudaý tarapyndan saýlanan, mysal üçin patyşalar, ruhanylar we pygamberler arkaly amala aşyrylypdy. Mesihiler bolan biz Mukaddes Ruhuň ähli sylaglaryna eýediris. Mukaddes Ruhuň işi bolsa — bize Hudaýyň ylhamlaryny, bize Hudaýyň Özüni açmakdyr.
Hudaýyň Ruhy sizde mesgen tutan bolsa, onda siz tende däl, Ruhdasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir.
Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji,ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar.
Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer.
Isanyň şägirtleri Onuň göklere galmazyndan ozal tabşyrygyny ýerine ýetirip, bir ýere ýygnanan günleri bolan Ellinji gün Hudaý Öz Ýygnagyna Mukaddes ruhy inderdi. Bu täsin wakanyň pygamberligiň ýerine ýetendiginiň nyşany hökmünde amala aşandygyny Petrus düşündirdi:
Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin. Siziň ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer…
Ýokarda aýdylyşy ýaly, Köne Äht döwürlerinde diňe Ysraýylyň saýlanan ýolbaşçylary Mukaddes Ruhuň hyzmatyna gatnaşypdylar. Ýöne Ýowel pygamber Mukaddes Ruhuň
Çagalarymyzyň Mukaddes Ruhuň hereketi arkaly Hudaýyň barlygyny duýup bilmeklerine biz nädip kömek etmeli? Geliň, Şamuweliň durmuş tejribesine ýüz tutalyň. Iň esasy zat — Şamuwel Hudaýy tanady. Eger biziň çagalarymyz Hudaýyň nähilidigini bilmeseler, onda öz tejribelerinde Hudaýy tanamak olar üçin ýeňil bolmaz. Diňe Hudaýyň tebigatyny, Onuň häsiýetini tanamak döwründe kesgitli pikirleriň, özüňi alyp barmaklygyň we umuman durmuş düzgünleriniň esaslandyrylmagy başlaýandyr.
Hudaýyň Sözüni okap Ony bölekleýin tanap bolýandygyny çagalarymyza düşündirmek gaty wajyp we bu dostlary edinmäge gaty meňzeşdir, ilki bilen biz adamlar bilen gürleşýäris, olaryň kimdiklerini we nähilidiklerini bilýäris. Çagalara Mukaddes Kitap tekstlerini görkeziň, olar arkaly çagalaryňyz Hudaýyň wepalydygyny, söýýändigini, mähirlidigini, şepagatlydygyny, bagyşlaýandygyny, adalatlydygyny, gudratygüýçli we ähli ýerde bardygyny bilerler. Emma Hudaýyň häsiýeti bütinleý bize Isanyň durmuşynda aýan boldy. Çagalaryňyza Isanyň
Biz Şamuweliň halypasynyň bolandygyny bilýäris. Hudaý Şamuwele üç gezek ýüzlendi we her gezek ol bu sesi Eliýiň sesi kimin kabul etdi. Ahyrsoňy goja ruhany oglana näme bolup geçýändigini düşündirdi. Şamuweliň ýanynda özi bilen Hudaýyň gürleşýändigini we onuň şeýle ýagdaýda näme etmelidigini aýan edip biljek biri bardy.
Durmuşyň hysyrdylarynyň içinde biz käwagtlar Hudaýyň bizi Özüne çekmäge, Özüni oňat tanamagymyza kömek etmäge synanyşýandygyna üns hem bermeýäris, çünki muny nädip etmelidigini bize hiç kim hem düşündirmedi. Çagalaryňyza Hudaýyň özlerinden daş däldigini we Onuň hakyky bar bolup, çagalaryňyzdan Onuň gizlenmän, hemişe olaryň ýanyndadygyny düşündiriň, emma Özüni olaryň özbaşdak agtarmaklyga öwrenmeklerini Hudaý isleýändir. Hudaý bilen bile ýöräp, Onuň söýgüsini duýan pursatlaryňyz hakynda çagalaryňyza gürrüň beriň; haçanda Ondan akyldarlyk soranyňyzdan soň, dogry çözgüdiň kelläňize gelendigi hakynda; bir zatlary etmegi (ýa-da etmeli däldigini) güýçli duýan pursatlaryňyz we netijeleriň nähili bolandygy hakynda; Hudaýyň öz dilegleriňize jogap berende, özüňiziň Onuň diri barlygyny duýandygyňyz, çünki parahatlyk bilen teselliniň öz ýüregiňizi doldurandygy hakynda; özüňiziň dogry ýoly agtarandygyňyz we jogabyň nähilidigini duýup, çözgüt kabul edendigiňiz, şondan soň şol ýagdaýda bu çözgüdiň dogrudygyny Hudaýyň tassyklandygy hakynda; özüňize uzak wagtlap azar beren kynçylygyň çözülmegine Hudaýyň Sözüniň kömek beren ýagdaýlary we öz durmuşyňyza Hudaýyň aralaşyp, size kömek eden beýleki ençeme ýagdaýlar hakynda çagalaryňyza gürrüň beriň.
Bir gezek oglum näme üçin Hudaýy görüp bilmeýändigi hakynda menden sorady. Oňa edil Hudaý ondan gizlenýän ýaly bolup görünýärdi. Men pikirimde dileg edip, bu soraga jogap berip bilmegim hakynda Ondan akyldarlyk soradym. Dessine meniň kellämde jogap peýda boldy we men Hudaýyň bizden asla gizlenmek islemeýändigini düşündirdim. Bar gürrüň şundadyr, ýagny biziň gözlerimiz ruhy zatlary däl-de, diňe maddy zatlary görmäge ukyplydyr. Hudaý göze görünmezekdir, emma Ol gizlenmeýär, ýöne biziň gözlerimiz Ony görüp bilmeýär. Ýöne muňa seretmezden, biz Onuň barlygyny duýmaga ukyplydyrys. Men oglumyň gözlerini ýumup, bir minutlap sesini çykarman durmagyny haýyş etdim. Onsoň men onuň ýumuk gözleri bilen özümiň bardygymy duýýandygy ýa-da duýmaýandygy hakynda soradym we haçanda özümiň gözlerimi ýumup, Hudaý bilen wagtymy geçirenimde, Onuň barlygyny duýýandygymy düşündirdim, çünki men Ony bilýärin we Onuň bilen kän wagtymy geçirýärin. Bu gürrüňler oglumyň dilege ünsüni çekmäge we dileg döwründe özüniň gitdigiçe oňat tanap bilýän hakyky Hudaý bilen gürleşýändigine düşünmegine kömek etdi.
Bu waka meniň ogluma biziň üçin Hudaýy agtarmagyň neneň wajypdygyny düşündirmäge kömek etdi. Eger biz Hudaýa dilegleriň düzüwini ýetirmek bilen kanagatlanyp, soňundanam öz islegimiz bilen ýaşamagymyzy dowam etdirýän bolsak, Hudaý bar jogapkärçiligi biziň öz egnimize atyp, hereketlerimiziň doly azatlygyny bize berýändir. Eger-de biz Onuň ýüzüni agtarýan bolsak, Ony şahsy taýdan tanamaga özümize Onuň kömek etmegini dileýän bolsak, onda Ol bize ýakynlaşýandyr we gün-günden bize kän açylýandyr. Meniň «agtaryş dilegi» diýip atlandyranymy agşamlaryna aýtmagy çagalaryňyza öwrediň, onda biz özümiziň Hudaýyň Özüne ýakyn etmegini dileýändiris. Haçanda Şamuwel özi bilen Hudaýyň gürleşýändigini bilende, ol düşegine dolanyp gelip, garaşyp durdy. Hudaýy güýçli eşitmek isländigi hakynda onuň hereketleri şaýatlyk edýärdi.
Eliý Şamuweliň:
Mundan başga-da, söhbetdeşlik ikitaraplaýyn gürrüňdeşligi göz öňünde tutýandyr. Eger biz özümiziň söz akymlarymyzy saklap bilmän, sessiz oturyp bilmeýän bolsak, onda Hudaý bize ýakyn bolup, Özüniň barlygyny biziň duýmagymyza we ýüreklerimize akyldarlyk salmaga kömek edip bilermi? Dilegleriň arasynda saklanyp, ýuwaş ýagdaýda oýlanmalarda bolmalydyklaryny çagalaryňyza öwrediň. Şeýle etseler, Hudaý olaryň ýüreklerine teselli berer, olara parahatlyk berip, dilegdäki oýlanmalar üçin täze temany olara ýatladar.
Çagalaryňyzda Hudaý bilen diri gürrüňdeşlige bolan höwes dörediň we edil Eliý ýaly, Onuň barlygynyň nyşanlaryny tanap bilmeklerini öwrediň.
Gudratygüýçlini tanamak — bütin ömre uzalyp giden zähmetdir. Şonuň üçin hem çalt netijelere garaşmaň. Bu hakda dileg ediň, kömek we akyldarlyk diläň, onsoň her gezek öňe ädimlemek üçin bar bolan täze mümkinçilikleri agtaryň — çagalaryňyzy dogry ýola ugrukdyryp, olary «Hudaýy tanamak» atly gutarnyksyz syýahata iberiň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ine, çagalaryňyza Hudaýy tanamaga kömek edip bilýän birnäçe iş ýüzündäki maslahatlar.
1. Çagalara Hudaýy açyň, Onuň kimdigi we nähilidigi hakynda olara gürrüň beriň.
2. Hudaýyň çagalaryňyzdan gizlenmän, tersine, olara ýakyn bolmak isleýändigini düşündiriň.
3. Ýürekleriniň töründen çykýan öz sözleri bilen Hudaý bilen aç-açan gürleşmelidiklerini çagalaryňyza düşündiriň.
4. Dilegde howlukman, bir temadan beýlekisine ýuwaş-ýuwaşdan geçmekligi olara öwrediň.
5. Hudaýyň Özüni nädip size açýandygy hakynda gürrüň beriň.
6. Hudaýy çuňňur tanamaga we Onuň barlygyny duýmaga dilegde kömek sorap, Ony agtarmagy çagalaryňyza öwrediň.
7. Çagalaryňyzyň Hudaýyň kömeklerini we öz dileglerine jogaplary alan pursatlaryny aýratyn belläp, olaryň Hudaýy oňat tanap bilmeklerine kömek ediň.
28-nji bap
Dawut we ogullary:
Dawudyň azyndan sekiz aýaly, on gyrnagy we on ogly bardy. Olaryň dördüsini Batşeba dogdy, galanlary bolsa dürli enelerden doglupdy. Häzirki zaman dili bilen aýdanymyzda, bu garyşyk maşgalady we oňa ýolbaşçylyk etmek Dawutdan uly güýç talap edýärdi.
Mukaddes Kitabyň Dawut we onuň maşgalasy hakyndaky maglumatlardan doludygyna seretmezden, men Dawudyň ata hökmündäki häsiýeti we onuň terbiýelemek usullary hakynda diňe bir düşündirişi tapyp bilendigimi belläp geçmek gaty gyzykly. Mukaddes Kitap Dawudyň öz ogullary bilen köpsanly gatnaşyklary hakynda şaýatlyk edip, olaryň dürli-dürli hereketlerini beýan edýär. Emma Dawudyň öz çagalaryny terbiýelemäge gatnaşandygy hakynda hiç ýerde gürrüň berilmeýär. Ýagdaýlaryň köpüsinde biz Dawudyň atadygyny görkezýän salgylary görmeýäris, oňa ýa-da patyşa diýýärler, ýa-da ýöne onuň adyny tutýarlar.
Mukaddes Kitap Dawudyň atalyk işi hakynda onuň durmuşynyň ahyrynda, haçanda ol Süleýmany özüniň ornuna belläninde azajyk gürrüň berýär.
Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa, tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalary, atlary hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady. Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň» diýmändi. Adonyýa hem Abyşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy.
Ilki bilen Eliýiň öz ogullaryna:
Onda Dawudyň ata hökmündedigi hakynda Mukaddes Kitabyň beýannamalaryndan näme bilip bolýar? Ol hiç haçan ogullarynyň «edenine däl diýmändi» diýen jümle asla nämäni aňladýar?
Ilki bilen bularyň barynyň sebäbi — Dawudyň patyşalyk borçnamalary ýaly bolup görünmegi mümkindir. Belki şu borçnamalary onuň «nyşany» ata bolmagyna getirendir? Çünki Dawudyň şeýle bir kän kynçylyklary: ýer ýüzünden gyrmaly bolan pilişti, amor we dürli kengan goşunlary; basyp ýatyrmaly bolan pitneler; syýasy hilegärlikler we ýurda baş bolmagyň ýeňil bolmadyk işi bardy. Emma şeýle netijelere gelmek üçin Mukaddes Kitap esas bermeýär. Dawut öz ogullary üçin açykdy, ol olar bilen gürleşýärdi, olar bolsa onuň patyşa saçagyndan iýýärdiler we patyşanyň maslahatçylary wezipelerine bellenendiler. Başgaça aýdanymyzda, Dawut öz çagalary bilen ýakyn gatnaşygy saklaýardy (2-nji Patyşalar 8:15–18; 9:11 seret).
Onda… belki-de, ol olara ýöne biperwaý seredendir? Bu hem beýle däl. Dawut öz çagalaryny güýçli söýýärdi. Hatda ol öz duýgularyny mezmurda beýan edipdir:
Belki-de, Dawut öz çagalaryny terbiýelemek üçin wagt tapan däldir ýa-da olaryň özlerini alyp baryşlary onuň parhyna-da bolan däldir? Ýok, beýle bolmasa gerek. Dawut Hudaýdan gorkýan adamdy hem Onuň adamlaryň ähli hereketlerini bilip, olaryň işlerine görä höküm çykarýandygyny ol Kanundan we özüniň şahsy tejribesinden bilýärdi. Ogullarynyň erbet gylyklarynyň Dawudy güýçli gaharladandygy hakynda Mukaddes Kitap habar berýär. Onuň beýleki ogullaryna-da Süleýmana bolşy ýaly kän üns berip-bermändigini biz bilip bilmeýäris, emma Süleýman özüne kakasynyň köp zatlary öwredendigini aýdyp geçýär (Süleýmanyň tymsallary 4:3–9 seret). Dawudyň patyşa maşgalasy ýörite halypalara eýedi we maşgalanyň agzalarynyň patyşa köşgünde bolan maslahatçylardan we ruhanylardan sapaklar alan bolmaklary gaty ahmal (1-nji Ýyl ýazgylar 27:32 seret).
Dawudyň çagalary dini bilim aldylar, ol bolsa olar bilen wagtyny geçirýärdi, olary mähir bilen söýýärdi we olaryň özlerini alyp baryşlaryna biperwaý däldi. Onda sebäp nämede? Dawut öz pikirlerini çagalary bilen paýlaşyp bilmän we olaryň ýollarynda duş gelýän kynçylyklary hakynda gürrüň edip bilmedik bolsa gerek. Bu hakda Dawudyň terbiýeleýji tärine degişli bolan diňe bir düşündiriş şaýatlyk edýär:
Dawudyň ogly Amnon özüniň ganybir gyz dogany bolan Tamary zorlap, soňundanam oňa öýlenmekden elini çekende, Mukaddes Kitabyň gürrüň berşi ýaly, Dawut güýçli gaharlandy, emma ol ýerde onuň bu ýagdaýa goşulandygy, bu jenaýatçylygyň günäkärleri bolan ogullarynyň ýanynda bir zatlar diýendigi hakynda hiç zat hem gürrüň berilmeýär. Bu waka Dawudyň beýleki ogly bolan Abşalomy gazaba mündürdi we ol özüniň gyz doganyny öz ýanyna alyp, ol hakda alada edýär. Emma ol hem edil kakasy ýaly, «jedeli öýden çykarmagy» islemezlik keselinden ejir çeken bolsa gerek.
Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.
Şeýlelikde, bu oňat bolmadyk taryha gatnaşyjylaryň bary öz duýgularyny gizlediler we bu iki ýyldan soň Abşalomyň öz gyz doganynyň masgaralanandygy üçin dogany Amnony öldüren wagtyna çenli dowam etdi. Bu waka sebäpli Dawudyň gaty gaýgylanandygyna seretmezden, onuň öz ogly Abşalom bilen gürrüňdeş bolandygyny hiç zat hem görkezmeýär. Onsoň Abşalom Geşura gaçyp gidýär we şol ýerde daýysy Geşur patyşasynyň ýanynda üç ýyllap ýaşaýar. Islän wagty Dawut gürrüň etmek üçin oglunyň yzyna gaýtarylmagyny talap edip bilerdi ýa-da özi ol ýere gidip bilerdi, emma ol muny etmedi. Üç ýyldan soň Dawudyň Amnonyň ölümi hakda gaýgylanmagyny bes edendigi, Abşalomy bolsa ýekeje gezek hem görmändigi, ýekeje gezek hem onuň yzyndan adam goýbermändigi hakynda Mukaddes Kitap aýdar (2 Şamuwel 13:38–39 seret).
Haçanda Dawudyň ýakynlaryndan bolan akylly adamlar onuň Abşalomy Geşurdan çagyrmagyny maslahat berenlerinde, ol olaryň maslahatlaryna gulak asdy, emma ogly bilen görüşmekden ýüz dönderdi. Ahyrsoňy, ogly nähilidir bir mekirlik arkaly kakasy bilen duşuşyp bileninde, kakasy ony diňe ogşady we şunuň bilen bary gutardy. Abşalomyň öz kakasynyň ýanynda bolandygyna seretmezden, olaryň gürrüňdeş bolandyklary we özleriniň duşmançylyklarynyň sebäplerini ara alyp maslahatlaşandyklary hakynda hiç hili maglumat ýok.
Indiki bapda Abşalomyň özüniň kakasynyň tagtyny eýelemek niýeti bilen hilegärli meýilnama oýlap tapandygy hakynda gürrüň berilýär. Bütin üç ýyllap Abşalom ýadaman we aç-açanlyk bilen adamlary kakasyna garşy etmegini dowam etdirdi, emma Dawut ýene-de oňa hiç zat diýmedi. Dawudyň ölüminiň öň ýanynda onuň öz tagtyny ogly Süleýmana berip ýetişmänkä, onuň beýleki ogly kakasynyň tagtyna eýe bolmak maksady bilen dildüwşük gurýar.
Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa, tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalary, atlary hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady. Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň» diýmändi. Adonyýa hem Abyşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy.
Dawudyň öz çagalaryny nähili söýendigine, özüniň neneň oňat ata bolmaga synanyşandygyna seretmezden, ol terbiýelemegiň iň oňat usuly bolan ýürekden gürrüňdeşlik etmegi ulanmady.
Kiçi çagalara öwretmek we olary terbiýelemek uly çagalary terbiýelemekden gaty ýeňildir, çünki munuň üçin ençeme düşündiriş gürrüňleri talap edilýän däldir, dogry çözgütleri we çylşyrymly ýagdaýlardan çykalgalary gözlemek gerek däldir. Çagalaryň ulaldyklaryça, terbiýelemek ýagdaýy çylşyrymlaşýandyr we çaganyň şahsyýeti aýaga galýandyr we erki ösýändir, şol sebäpli hem gürrüňdeşlik, ruhlandyrmak, ýagdaýy derňemek ýaly tertip-düzgün çärelerine bolan talap döreýändir. Muny etmegiň ýeňil däldigi sebäpli bolsa, gapma-garşylyk peýda bolýandyr, onuň çözgüdiniň gözlegi bolsa terbiýelemegiň bir bölegi bolýandyr.
Eger ata-eneler gapma-garşylykdan gaçmak isleseler, peýda bolan kynçylyga gözlerini ýummak, çagalary bilen gönüden-göni gürrüňdeş bolmakdan we olar bilen çözülmesi wajyp bolan soraglary ara alyp maslahatlaşmakdan gaça durmak asla kyn zat däldir.
Muňa biziň ynanýandygymyzyň ýa-da ynanmaýandygymyzyň parhy ýok, emma beýik esger bolan Dawut hemişe şahsy duşuşyklardan çaga durdy. Batşeba bilen zyna edip, Dawut onuň adamsy Uryýanyň öz aýaly Batşeba bilen ýatyp-turmagyna mejbur etmäge synanyşdy we şeýdip, öz günäsini gizlejekdi. Haçanda Uryýa beýle etmekden ýüz dönderende, Dawut öz günäsini boýun alyp, ol hakda aç-açan gürrüň bermegiň deregine, şeýle hileli ýol bilen Uryýadan dynjak bolup, ony tora saljak boldy. Dawudyň harby serkerdesi bolan Ýowap hemişe öz diýeni boýunça hereket edip, hatda Dawut tarapyndan şalyga bellenen adamlary doň ýüreklilik bilen öldürýärdi, emma şeýle ýagdaýlarda Dawut hiç hili çäreler görmedi, bu jenaýatlyklar bilen ol sesini çykarman ylalaşýardy. Onuň öz çagalary bilen gürrüňdeş bolmak tejribesinde şeýle ýagdaýlar gaty kändir.
Eger biz öz çagalarymyzyň dogry ýoldan çykýandyklaryny görýän bolsak, onda gürrüňiň bütin oňaýsyzlygyna we ýakymsyzlygyna seretmezden, olar bilen aç-açan gürrüňdeşlik üçin wagt hökman tapmalydyrys. «Olar barybir gulak asmazlar», «Olar wagtyň geçmegi bilen muňa düşünerler», «Ara goşulmak islemeýärin» ýa-da «Munuň bilen başga bir wagt meşgul bolaryn» diýýän delillerimiz bilen biz öz-özümizi aldaýandyrys. Iş ýüzünde biz agyryly kynçylyklaryň çözgüdinden gaçmak üçin bahanalary gözlemäge synanyşýandyrys.
Men gürrüňdeşlik üçin açyk adam we dawa-jenjelleri asla halamaýaryn, şunuň bilen bilelikde, çagalarymyň hem özümi söýmeklerini isleýärin, men hem edil Dawut ýaly kynçylyklara duş gelýärin. Men hem wajyp soraglaryň çözgüdini çetde goýmak üçin bahanalaryň baryny tapyp bilerdim. Ýöne ýagdaýlar meni tersine öwretdi.
Biziň öýümizde gizlin bir burç bar we men adatça şol ýere aç-açan gürrüňe mätäç bolan çagamy çagyrýaryn. Biz bir-birimiziň garşymyzda oturyp, tä ýagdaýdan çykalga tapýançak gürrüňdeş bolýarys. Başda men käbir oňaýsyzlygy we kynçylygy duýdum, emma tizara şeýle täze girizmäniň täsin netijelerini görüp başladym. Şu gün meniň çagalarym: «Hawa, sen kakam bilen syrlaşmaga gidýärsiň, şeýle dälmi?» diýip, bir-birlerine degişýärler. Dogrusyny aýtsam, ähli çagalara hem bu gaty ýaraýar, çünki olar munuň özlerine kömek edýändigini görýärler.
Dawut söýýän ata bolupdyr, emma terbiýe işinde iň wajyp bolan gurala eýe däldi. Ýogsa-da, biz Mukaddes Kitabyň öz sahypalarynda onuň terbiýeçilik işiniň ähli ýalňyşlyklaryny beýan edendiginden hoşal bolup bilýändiris, çünki bu arkaly Mukaddes Kitap bize gaty peýdaly sapak berdi.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Entek ýagdaýyň gözleg astyndan çykmanka, çagalaryňyz bilen kyn soraglary ara alyp maslahatlaşmakdan gaça durmaň. Bir-biriňe ynamly gürrüňdeşlige başlamazdan ozal, maglumat üçin birnäçe çylşyrymly bolmadyk düzgünleri kabul ediň.
1. Gürrüňdeşlik sizi öz çagaňyzy söýýändigiňizi we oňa diňe ýagşylyk isleýändigiňizi çyn ýürekden aýtmagyňyzdan başlanmalydyr.
2. Gürrüňdeşligiňiziň maksadynyň bir-biriňizi diňlemek we ýagdaýdan çykalga tapmakdygyny düşündiriň.
3. Özüňizi aladalandyrýan zat hakda gürrüň beriň.
4. Özüňiz azrak gürläň!
5. Köpräk diňläň. Çaga hereketleriniň özenine düşüneniňizçe diňläň.
6. Sesiňizi gataltmaň we duýgularyňyzy saklaň (çaga hem özüni hut şeýle alyp barmalydyr).
7. Kynçylygyň çözgüdi tapylýança, hiç kim «gürrüňdeşlik üçin otagy» taşlap gitmeýär.
8. Gürrüňdeşligiň ahyrynda hökman dileg edip, bir-biriňizi gujaklamaly.
29-njy bap
Dawut aldanan ata:
Biziň ilkinji çagamyz bolan uly gyzymyz entek diňe ýöremegi öwreneninde, ol bireýýäm oňat tanymal we gaty howpsuz bolan, aldamaklyk diýlip atlandyrylýan usuly iş ýüzünde ulanyp görmäge synanyşdy. Bu pikiriň neneň ýeňillik we tebigy usulda çaga kellesine gelýändigi gaty geň. Men hatda özümiň gyzymyň aldamaklygyň manysyna düşüneri ýaly ýeterli derejede uludyr diýip, oýlap hem bilmedim.
Men oňa bir ýönekeý sorag berdim we onuň jogaby hökmünde birsalymlyk dymmadan soň özümi kanagatlandyran ýönekeý jogap aldym. Işime gelenimden soň, men birden gyzymyň özümi aldandygyna düşündim. Şeýle-de, men Hudaýyň Öz rehimdarlygy bilen maňa muny görkezendigine düşündim, çünki men gyzymyň şeýle aldamaga ukyplydygyna asla garaşmandym.
Şonda özüm bilen gyzymyň arasynda dostlukly gürrüňdeşlik boldy (gyzy kakasynyň dyzynda otyr). Bu gürrüňdeşlik döwründe gyzymyň ýalanyň nämedigini beýan edip bilmeýändigine seretmezden, özüniň şahsy tejribesinde onuň nähilidigini tanandygy mälim boldy.
Dawudyň maşgalasynyň taryhyny okap, ogullarynyň öz kakalaryny neneň kän aldandyklaryna we hatda oňa garşy dildüwşükler gurnandyklaryna men gaty geň galdym.
Haçanda Amnon özüniň ganybir gyz dogany bolan Tamar bilen ýatyp-turmak isläninde, ol gyz doganyny ýeke tutup bilmedi. Şonuň üçin hem ol özüni edil syrkaw ýaly alyp bardy we haçanda patyşa, ýagny kakasy ony görmäge gelende, oňa seretmegi üçin Tamary Amnonyň ýanyna iberdi. Haçanda Dawut oglunyň haýyşyna ýerine ýetirende, ol gyzy zorlady (2 Şamuwel 13:1–22 seret).
Abşalom Amnony öldürmegi ýüregine düwende, ol patyşanyň ähli ogullary üçin baýramçylyk gurnamagy çözdi we olaryň baryny bu baýramçylyga ibermegi kakasy Dawutdan haýyş etdi. Dawut ylalaşyp, şunuň bilen Amnony ölüme goýberdi (2 Şamuwel 13:23–29 seret).
Mukaddes Kitap gürrüňlerine laýyklykda, ogullarynyň ýalanlaryna garşy çykmaklyk üçin Dawudyň hiç bir çäre görmändigi meni gaty geň galdyrýar. Çünki ogullar öz ýalanlary bilen Dawudy çar tarapdan daňypdylar ahyryn!
Bu wakalar hakynda okanyňda, bir-birine bolan ynamyň patyşa maşgalasynyň agzalaryny hemişelik taşlandygy baradaky duýgudan azat bolmak gaty kyn. Dawudyň zyna etmegi, Betşebanyň adamsyny ölüme ibermek baradaky onuň buýrugy, muny gizlemäge synanyşmagy — bu ýamanlyklaryň bary ahyrsoňy aýan boldy. Hudaý Dawuda: Uryýany öldürmek üçin onuň ulanan ammonlaryň gylyjyny patyşanyň öýüniň depesinden asla aýyrmajagyny. wada berdi
Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Meniň sözümi äsgermezlik etdiň? Het tiresinden bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň. Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het tiresinden Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň.
Hudaý Dawuda, özüňiň ulanan zorluk we aldamaklyk gylyjyň wagtal-wagtal özüňiň maşgalaňa urlar diýdi. Hut şeýle-de boldy. Dawudyň ogullary ýöne bir-birlerini öldürmek we patyşa tagtyny eýelemek bilen synanyşman, eýsem olar şunuň bilen birlikde hemişe öz kakalaryny we bir-birlerini aldadylar.
Eger ata-eneler ýalany ekýän bolsalar, onda çagalar kynçylyklary çözmegiň ýeke-täk serişdesi we böwetlerden geçmekligiň oňaýly mümkinçiligi hökmünde ýalany saýlamaklyk dogry usul diýen karara gelýändirler. Şeýle ýagdaýda ata-eneleriň öz çagalarynyň ýollarynda iru-giç böwet boljakdyklaryna ymanly bolup bilersiňiz.
Kakasy bilen gyzynyň arasyndaky şol aç-açan gürrüňdeşlikden soň men öz maşgalama ýazylmadyk şu kanuny girizdim: «Eger men şeýle diýen bolsam, meniň sözlerime ynanyp bilersiň; eger muny men diýýän bolsam, diýmek, bu dogrudyr».
Dawutdan tapawutlylykda, siz öz çagalaryňyz üçin päk ýürekliligiň we wepalylygyň mysaly bolup bilersiňiz. Haçanda biziň çagalarymyz özlerine mahsus bolşy ýaly, «halas bolma üçin ýalana», käwagtlar bolsa ynsapsyz aldamaklyga baş uranlarynda, biz olar bilen aç-açan gürrüňdeşlikden gaçmaly däldiris. Bilip goýuň, çagalaryňyz bilen siziň gatnaşyklaryňyzyň üstünligi olarda ynamyň barlygyna ýa-da ýoklugyna baglydyr. Gatnaşyklaryňyzdaky bu ynam bolsa diňe siziň sözleriňize ynanyp bolan ýagdaýynda döreýändir.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalar siziň sözüňiziň daşdan hem gatydygyny, şeýle-de, özleriniň size bütinleý ynanyp bilýändiklerini bilmelidirler. Şonuň üçin hem çagalar bir zat diýip, iş ýüzünde bolsa başga zady edenlerinde, siz olara öz sözüňiz hakynda ýatlatmalysyňyz we özüňiziň hem aldap, öz wadalaryňyzda durman başlanyňyzda, olara munuň ýarap-ýaramaýandygy hakynda soraň. Hiç haçan aldamazlyk bolan siziň berk çözgütliligiňiz çagalaryňyzyň hem muňa ýetip bilmeklerine kömek eder.
30-njy bap
Süleýmanyň akyldarlygy:
Men ýaňy Isa iman eden wagtym, bir gezek bir wagyzçynyň ýygnagyň agzalarynyň bir aýyň içinde her gün Süleýmanyň tymsallarynyň bir babyny okamagy maslahat berendigini eşitdim. Men onuň aýdyşy ýaly hem etdim, her gün täze baby okap, onuň üstünde oýlanmaga başladym. Men bu iş bilen iki-üç ýylyň içinde meşgullandym we şeýle iş döwründe Hudaý meniň dünýägaraýşymy, pikirlenişimi we özümi alyp barşymy üýtgetdi.
Süleýmanyň tymsallary kitaby — Mukaddes Kitabyň ata-enelere çagalaryny terbiýelemäge gollanma hökmünde kömek üçin bölekleýin niýetlenen kitabydygy aýdylýar. Bu kitabyň köp böleginiň awtory bolan Süleýman entek ýaş wagty, emma akyldarlyk ylmyny kabul edip bilmäge ukyply bolan ýaşynda kakasy Dawudyň oňa öwredip başlandygy hakynda aýdýar (Süleýmanyň tymsallary 4:3–9 seret).
Öz gezeginde, Süleýman öz ogluna akyldarlygy agtaryp, tebigy hadysalary bilmegi maslahat berýär. Öz oglunyň agtarmaly, onuň öwrenmeli we hakyky durmuşda iş ýüzünde ulanyp bilmeli akyldarlygyny tymsal görnüşinde beýan edip, Süleýman öz kakasyndan hem öňe gitdi.
Bizde giden uly artykmaçlyk bar. Bizde bireýýäm iş ýüzünde ulanyp bilinjek durmuşy akyldarlygyň Hudaý tarapyndan berlen taglymaty bar. Biz ony öz çagalarymyza hem berip bilýändiris. Men öz öz ogullaryma we gyzlaryma esasy durmuş düzgünlerini öwretmäge başlanymda, elmydama Süleýmanyň tymsally kitabyny okap, ol ýerden aýatlary getirýärdim. Özümiň edil kitap gurdy kimin onuň sahypalarynyň arasynda süýrenip ýörän ýyllarym meniň üçin oňat döwür boldy. Men galam bilen boýap, bellikler eden, özüm üçin tanyş bolan Mukaddes Kitap aýatlaryna dolanyp, olary ýene bir gezek öz ýüregimde möhürläp bilerdim we olary öz çagalaryma hem berip bilerdim.
Ulalanlaryndan soň, meniň çagalarym Süleýmanyň tymsallary kitabyny özbaşdak okap başladylar. Şu gün bu kitabyň maslahatlarydyr öwüt-ündewleri olaryň pikirlenişleriniň bir bölegi we durmuş ýollaryndaky gollanma boldy. Çagalara Hudaýyň akyldarlygyny öwretmek üçin ugrukdyrylan bu Hudaý tarapyndan berlen ýazgylaryň şertsiz maksadalaýykdyklaryna we garşy çykyp bolmaýan iş ýüzündäki gymmatlyklaryna meniň özüm şahsy taýdan göz ýetirdim.
Emma ilki bilen Mukaddes Kitap tymsallaryny öwrenip, olary çagalarymyza geçirmeklige girişmezimizden ozal, Köne Äht gahrymany bolan biriniň ata-enelik tejribesinden sapak almak wajypdyr. Bu gahryman bize ata-enelik işiniň esasy düzgünini açmak üçin Hudaýyň ulanan gahrymanydyr. Süleýmanyň ogly we mirasdary bolan Rehabgam akyldarlyk gaty daş bolan adam hökmünde Mukaddes Kitabyň sahypalarynda peýda bolýar. Haçanda Rehabgam patyşa bolanda, halk oňa wajyp bir haýyş bilen ýüzlenýär:
…Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis.
Rehabgam üç günden soň jogap bermegi wada berip, halky yzyna iberdi we ýaşululardan maslahat sorady. Onuň eden hereketi dogrudy, çünki ol kakasynyň akylly öwüt-ündewlerini ýadynda saklap, jogap bermäge howlukman, akylly maslahat agtardy. Süleýman patyşanyň ýanynda hyzmat eden maslahatçylar Rehabgamyň halkyň zulumyny ýeňilletmegi maslahat berdiler. Ýöne Rehabgamyň dostlary oňa has ters maslahatlary berdiler. Rehabgam özüniň ýaş dostlaryna gulak asdy we netijede Ysraýylyň diňe bir tiresiniň patyşasy bolup galdy. Süleýmanyň Hudaýdan daşlaşandygy üçin bitewi bir şalygyň bölünjekdigini Ol aýdypdy (1 Şamuwel 12:1–22 seret) we Onuň sözleri has göze görner bolup amala aşdy.
Rehabgam Hudaýdan daşlaşyp, kakasynyň yzyna eýerdi. Karar kabul etmek bilen, onuň Hudaýdan maslahat diländigi hakynda bizde hiç hili şaýatlyk ýok.
Rehabgama akyldar patyşa diýip bolmaz. Mukaddes Kitap onuň kynçylygyny bir sözlemde beýan edýär:
Hudaýdan gorkmagyň akyldarlygyň başydygyny Süleýman öwredipdi, emma muňa seretmezden, ol öz ogluna akyldarlygyň diňe bir bölegini galdyryp, durmuşynyň ahyrynda Hudaýa hyzmat etmekden daşlaşdy.
Akyldarlyk nazarýetleri öwrenmekligiň netijesinde we bilimleriň tymsallar ýa-da pähimli nakyllar görnüşindäki ýygyndysynyň netijesinde gelýän däldir. Bütin ömür maglumatlary ýygnap, «Üstünlige bolan ýedi ädim» toplumly kitaplary okap, olary öwrenibem, akyldarlyga asla eýe bolman hem bolýandyr. Akyldarlyk Hudaýdan gelýändir we Onuň bilen gürrüňdeşlik döwründe kabul edilýändir, şeýle-de, bar zada Onuň Sözi arkaly seredip bilmek arkaly gelýändir.
Täze Äht bize şeýle maslahat berýär:
Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler.
Haçanda biz Hudaý bilen gürrüňdeş bolanymyzda, akyldarlygyň Ol tarapyndan berilýändigini resul Ýakup belläp geçýär. Biz bilen çagalarymyzyň durmuşyň gurluşynyň esasy düzgünlerini bilmegimiz üçin Hudaý Süleýmanyň tymsallary kitabyny iberdi we biziň Onuň Özüni däl-de, diňe akyldarlygy agtarmagymyz Oňa ýakymly däldir. Biz özümiziň bu düzgünlere düşünmegimize, olary hakyky durmuş ýagdaýlarynda ulanmaklyga öwrenmegimize kömek etmegi üçin Hudaýdan kömek dilänimizde, bize akyldarlyk berilýändir. Bu düzgünlere düşünmek bilen olary özümize Hudaýyň parzlaryna dogry düşünip, olary ýerine ýetirmäge öwredýän Hudaýdan gelýän akyldarlygy gündelik agtarma bilen bile durmuşda ulanyp bilmek — ine, üstünlige bolan açar nirede gizlenendir.
Rehabgamyň kakasynyň öwüt-ündewlerini ýadynda saklandygyna hiç hili şübhe ýokdur, emma ol akyldarlykdan mahrum edilendi, çünki ol öz kakasy Süleýmanyň ýaşlygynda hyzmat eden Hudaýyny tanamaýardy. Rehabgam islendik ýagdaýda hereket etdi welin, diňe akyldar kimin ýaşamady.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Bir ýylyň içinde her gün bir baby beýlekisiniň yzyndan okap, Süleýmanyň tymsallary kitabyndan alyp bilýän durmuş akyldarlygy bilen çagalaryňyzy tanyşdyryň. Süleýmanyň tymsallary kitabyny aýyň her gününe bölmek mümkin, bu siziň dogry ýoly tutmagyňyza kömek eder. Günortanlyk naharynyň başynda diri gürrüňdeşligi gurnamagyň täsin bir usuly bar. Bütin bir baby okaň, onsoň birnäçe aýatlary okaň we çagalaryň her birinden bu aýatlaryň näme aňladýandygy, olaryň hakykatlaryny nädip gündelik durmuşda ulanyp bolýandygyny soraň. Her bir şeýle ýygnagyňyzy dileg bilen başlaň, onda siz (Ýakubyň maslahatyna eýerip) Hudaýdan akyldarlyk sorarsyňyz. Bu akyldarlyk biziň Hudaýymyz bilen aragatnaşyklarymyzy berkitmek döwründe gelýändir.
31-nji bap
Iki pygamber we üç ene:
Maňa iki pygamber bolan Ylýaş bilen Elýaşanyň taryhy gaty ýaraýar. Olaryň üsti bilen Hudaý beýik täsinlikler döretdi: asmandan ot ýagdyrdy, giden goşun perişdeler arkaly duşman goşunlaryny ýeňdi, açlyk ýyllarynyň başyny we soňuny yglan etdi, at arabalaryndan üstün çykdy we ýene ençeme wakalar bolup geçdi. Bütin şalyklaryň durmuşlaryny üýtgeden aňyňy haýran galdyrýan Hudaýyň bu işleriniň arakesmesinde iki pygamber üç ene bilen gürrüň edip, olaryň mätäçliklerini Hudaýa ýetirdiler.
Entek ýer elhenç gurakçylyk zerarly jaýryk açyp, ejir çekýärkä (ondan ençeme wagt Ylhas pygamber tarapyndan aýdylyşy ýaly), Hudaý Ylýasyň bir dul aýalyň öýüne barmagyny buýurýar. Ol aýala bolsa Ylýasy naharlamagy tabşyrýar. Ylýas aýalyň öýüne gelip, ondan iýmit soraýar we aýal bolsa diňe özi bilen oglunyň ölmezlerinden ozal soňky gezek iýerleri ýaly, ujypsyzja un bilen ajajyk ýagyň galandygyny aýdýar. Ylýas täsinligiň boljakdygyny aýdyp, ýene-de özüni naharlamak hakda sorady. Ol täsinlik amala aşdy: dul aýalyň uny bilen ýagy gutarmaýardy, näçe ulansa-da, tä gurakçylyk gutarýança, onuň uny bilen ýagy gutarmady. Biraz soňra dul aýalyň ogly ölende, ol Ylýasyň ýanyna ony getirýär. Ylýas onuň üçin dileg edip, diri oglany ejesine gaýtaryp berýär (1-nji Patyşalar 17 seret).
Başga bir aýal Elýaşanyň ýanyna gelip, özüniň karzlaryny berip bilmeýändigi üçin, ogluny karz berenleriň gul edip äkitmek isleýändikleri hakynda gürrüň berýär. Elýaşa ol aýala boş küýzeleriň baryny ýygnap, olara özünde bar ýagy guýmagy buýurdy. Haçanda aýal Elýaşanyň aýdyşy ýaly edip, ýagy guýup başlanda, tä ähli küýzeler dolýança, ýag tükenmedi. Onsoň ol aýal bu ýaglary satyp, karzyny üzüp bildi, hatda özüne-de galdy (2-nji Patyşalar 4 seret).
Üçünji aýal bolsa duldy we ol ýaşamak üçin serişdä mätäç däldi. Elýaşanyň syýahatçylygy döwründe saklanmagy üçin, bu aýal öz öýünde pygamber üçin bir otag taýýarlaýar. Şepagatlylygy üçin Elýaşa bu aýala sylag bermek üçin, oňa nämäniň gerekdigi hakda sorady we Elýaşanyň hyzmatkäri bu aýalyň oglunyň ýokdugyny aýdýar. Şonda pygamber ol aýalyň bir ýyldan soň oglunyň boljakdygyny aýdýar. Hut şeýle-de bolýar, emma, gynansak-da, tizara ol ogul aradan çykýar. Bagty gara bolan aýal çagany Elýaşanyň düşeginde ýatyryp, hiç kime hiç zat diýmän, pygamberi gözlemäge gidýär. Pygamber aýalyň özüne gelip, ogluny direltdi (4-nji Patyşalar 4 seret).
Isa Özüniň dogduk şäherinde wagyz edende, bu ýerde Özüniň näme üçin täsinlikler döretmeýändigini düşündirmek maksady bilen, ol aýallaryň birini ýatlaýar.
Isa olara şeýle diýdi: «Siz, hökman, Maňa “Tebip, özüňe em et!” diýen nakyly aýdarsyňyz, “Kapernaumda bolanyny eşiden zatlarymyzy şu ýerde, Öz ýurduňda-da et” diýersiňiz». Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir. Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende, Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi…
Biziň iman ýolumyzda ençeme böwetler duş gelýändir. Ýatlanyp geçilen dul aýal-da, Isanyň gürrüňini eden adamy-da Ysraýyl halkyna degişli däldi. Isanyň bu sözleri märekäni şeýle bir gazaba mündirdi welin, hatda ol Ony ýokary dagdan aşak oklamak isledi (Luka 4:28–30 seret). Käwagtlar biz durmuşda şeýle bir oňaýly ornaşýandyrys welin, hatda şuny ýadymyzdan hem çykarýandyrys: biz mesihiler we biziň Hudaýymyz täsinlikler Hudaýydyr. Ol bizi özümize gerek bolan zatlar bilen üpjün edip, edýän dileglerimize iň süýji uky wagtyndaky düýşde arzuw hem edip bilmeýşimiz ýaly jogap berýändir.
Özünde açlyk çekýän maşgalasyny iýmitlendirmek üçin azajyk iýmitiň galandygyna seretmezden, birinji aýal ilki bilen Ylýas üçin, onsoň bolsa özi we ogly üçin nahar taýýarlady. Hudaý aýalyň imanyny sylaglady we bütin gurakçylyk döwri üçin iýmit bilen üpjün etdi. Ol Ylýasy naharlandyryp, oňa hyzmat etmegini dowam etdirdi we ogly ölende, ony yzyna diri aldy. Täsinlik bolup geçdi we munuň bolup biljekdigini ol hatda göz öňüne-de getirip bilmeýärdi.
Ikinji dul aýal Hudaýdan kömek almak umydy bilen Elýaşa pygamberiň ýanyna gelýär. Ol öz imanyny görkezip, pygamberiň beren ähli düzgünlerini jikme-jik ýerine ýetirdi. Netijede bolsa onuň ogullary karz berijileriň ellerinden sypdylar, bütin maşgala bolsa uzak wagtlap üpjün edilen boldy.
Üçünji aýal Elýaşa anyk bolmadyk haýyş bilen ýüzlendi, emma onuň pygamberiň ýokardan goýlan hyzmatyna kömek etmek islegi bardy. Bu ýerde onuň sylaglanma eýe bolan çuňňur imany aýan boldy: Hudaý oňa ogul iberdi. Çaga ölendenden soň, ol ony pygamberiň düşeginde ýatyryp, oňa habar bermek üçin gitdi, şol bir wagtyň özünde, aýal özi hakda Hudaýyň alada edip, betbagtçylygynda kömek etjekdigine ynanýardy.
Bu wakalaryň her birinde eneleriň öz çagalary hakda alada edendiklerine, onsoň bolsa çagalarynyň täsin ýagdaýda howpdan azat bolup, özleriniň ýaşamak üçin serişdä eýe bolandyklaryna üns berdiňizmi? Hudaýyň bu merhemeti eneleriň imanyna, boýnyburuklygana we zähmetsöýerligine jogap edip berildi.
Hudaý öz adamlarynyň üsti bilen dünýäni üýtgetmek, halklara ýolbaşçylyk etmek we adamlary Özüne dolandyrmak maksady bilen olary hyzmat etmeklige iberdi; emma Hudaý öz adamlaryny mätäç maşgalalara-da iberip, olaryň imanlaryny berkedip, mätäçliklerinde kömek etmek isledi.
Emma biz ol pygamberi nireden gözlemeli? Hudaýyň Ogly bolan Isa bizde Özüniň Mukaddes Ruhy bilen ýaşaýar. Hudaý — biziň Atamyz we biz özümiz bilen Hudaýyň arasyndaky boşlugy doldurary ýaly, pygambere mätäç däldiris —
Birnäçe ýyl mundan ozal biziň maşgalamyz maddy taýdan agyr ýagdaýda galanda, biz öz öýümiziň gapylaryny bizden hem erbet ýagdaýa düşen başga bir maşgala üçin açdyk. Özümize elýeter bolan azajyk iýmit her agşam hemmelere deň paýlanylýardy. Bir gezek biziň saçagymyzda her bir çaga üçin diňe bir gutapdan bardy. Biz nahardan öň dileg edip, hemmelere ýetmegi hakynda soradyk. Nahar iýip bolanymyzdan soň, iki gutap saçakda galdy. Çagalaryň biri ýene bir gutap iýmegi haýyş etdi, emma bizden rugsat almady, çünki gutaplaryň sany çagalaryň sanyna barabardy. Elbetde, çaganyň ýüzünde lapykeçlik peýda boldy, emma ol özüniň bireýýäm iki gutap iýendigini aýdanda, bu ýerde bir zadyň ýerbe-ýer däldigine düşündik. Ahyrynda kimiň gutapsyz galandygyny anyklamagy çözüp, biz çagalary sanap çykdyk. Netijede, olaryň her biri taýyn edileninden artyk iýipdirler we ýene iki gutap galypdy.
Ilki bilen şol täsinlikde hiç hili aýratyn geň galdyryjy zat bolmany ýaly we şol wagt biziň durmuşymyzda ýagdaýyň çaltlyk bilen gowulaşmagy hem bolmady, emma meniň çagalarym ony ömürlik ýatlarynda sakladylar. Bu waka olaryň imanlaryny berkitdi.
Ýewreýlere hatyň awtory şeýle ýazýar:
Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir.
Men bu aýatdaky sözleriň masyny gaty halaýaryn. Hudaý biziň Oňa ýöne iman etmegimizi islemän, eýsem özümiziň Ony agtaranymyzda, Onuň bizi sylaglaýandygyna hem ynanmagymyzy isleýändir! Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir; şonuň üçin hem eger çagalar öz ata-eneleriniň durmuşda diri we hereketjeň imandan ugur alýandyklaryny görmeseler, onda Hudaýa ýaraýan çagalary terbiýelemek mümkin däldir.
Wah, şeýle işi amala aşyrmak üçin özüňize iman ýetmezçilik eder diýip, asla alada galmaň, — biziň gürrüňlerini eden aýallarymyzyň edişleri ýaly, siz hem birinji ädimi ätläň we bu birinji ädim siziň imanyňyzyň şaýady bolar. Hudaý bolsa sizi öňe alyp barar. Gutaplar üçin edilen ýönekeý dileg geljek üçin hakyky zarba boldy.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Hudaý diňe bir bütin halklaryň we ýygnaklaryň ykbaly bilen meşgul däldir; Ol siziň maşgalaňyz hakda-da, özüňiz hakda-da alada edýändir, size kömek etmäge, özüňizi we özüňiziň çagalaryňyzy gerek bolan zatlar bilen üpjün etmäge synanyşýandyr. Ähli mätäç bolan zatlaryň hakda Oňa dileg bilen ýüzleniň we Onuň özüňizi eşidýändigine, sizi söýýändigine we siziň üçin oňat işi etjekdigine ynanyň. Günortanlyk nahary saçagynyň başynda bütin maşgalaňyz bilen dileg ediň, öz aladalaryňyz we howsalalaryňyz hakda Hudaý bilen gürrüňdeş boluň. Eger sizde Hudaýyň özüňize kömek etjekdigine şübhe ýaşaýan bolsa, onda Ondan öz imanyňyzy berkitmegi hakynda soraň. Hudaýyň wepalydygyny we ähli zatda Oňa bil baglap bilýändigimizi çagalarymyzyň berk bilmekleri üçin, olara-da muny öwrediň.
32-nji bap
Ýaş patyşalar Ýowaş we Ýoşyýa:
Biziň döwrümizde «ýetginjekligiň öň ýanyndaky ýaş» diýlen adalga bar we ol 10 we 12 ýaşly çagalar hakda gürrüň edilende ulanylýar, çünki olar «aralykdaky» ýagdaýda bolýandyrlar: olar bireýýäm kiçi çagalar däl, emma ýetginjekler diýlerleri ýaly, entek uly hem däl.
Ruhy ösüş gözýetimi boýunça, olar bireýýäm ata-eneleri tarapyndan ukudan öňki Mukaddes Kitap gürrüňlerini okap bermek we ulular bilen bile dileg edip, Hudaý bilen gürrüňdeş bolmak tapgyryndan geçdiler. Biziň ata-enelik borjumyz — mesihilige «ata-enemiň özüme öwredenlerinden» «özümiň iman edýänime we özümiň durmuşymy bagyş edýänime» garaýşyna geçmeklige çagalarymyza kömek etmekdir.
Muny nädip etmelidigi hakyndaky sapagy biz Ýahudanyň patyşalary bolan iki oglanyň taryhlaryny deňeşdirip, alyp bilýändiris.
Kiçi wagtynda Ýowaş özüniň zalym mamasyndan alada ediji garyndaşy tarapyndan ybadathanada gizlenilip, halas edilipdi: mamasy tagta çykmak maksady bilen öz maşgalasyndaky ähli erkek jynsly bäbekleri öldürmäge synanyşypdy. Çagany ruhany we Hudaýyň adamy bolan daýysy Ýehoýada terbiýeläpdi. Ol oglana Hudaýa wepalylyk we Oňa hyzmat barada ähli zady öwredipdi.
Ýehoýada Ýowaşyň ýedi ýyllyk ýaşynda öz mamasynyň ornuna tagta çykmagyna ýardam edipdi. Ol oňat patyşady, (hiç bolmanda ilkibaşda) Hudaýa ýaraýan adamdy.
Ýowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi.
Ýehoýadanyň ölüminden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy. Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Aşera we beýleki butlara gulluk etdiler.
Soňky birnäçe aýatlarda Ýowaşa duýduryş bermek üçin Hudaýyň Ýehoýadanyň ogluny iberendigi hakynda gürrüň berilýär. Gynansak-da, bu wagta çenli Ýowaş özüniň oňat daýysyny bireýýäm ýadyndan çykaryp ýetişipdi we özüniň doganoglanyny öldüripdi.
Şeýlelikde, özüniň ruhany daýysy tarapyndan terbiýelenen we hakykat ýoluna ugrukdyrylan oglan tä daýysy dirikä, Hudaýa wepaly bolmagyna galdy, emma onuň ölüminden soň ýaş patyşa özüni dogry ýoldan çykaran beýlekileriň maslahatlaryna eýerdi. Onuň hiç haçan hem bütin ýüregi bilen Hudaýa hyzmat etmekligi saýlamandygy üçin, şemallaryň öwseni dessine, ol olaryň täsirinde öz ugruny üýtgetdi.
Bu wakalardan 150 ýyldan soň has başga ýagdaýlarda beýleki oglan Ýahudanyň tagtyna çykdy. Ýahudanyň has günäli patyşasy bolan Manaşe ölüp, patyşalygy özünden kem günäli bolmadyk ogly Amona galdyrypdy. Amony bolsa özüniň hyzmatkärleri onuň patyşalygynyň iki ýylyndan soň öldüripdiler. Halk adam öldürijilere garşy çykyp, olary jezalandyrypdy, tagta Amonyň sekiz ýaşly ogly Ýowaşy oturdyp, ilkinji gezekkisi ýaly hereket etdi.
Şeýle hudaýsyz ata-babalarynyň mirasdary bolan bu ýaş patyşa özüni nähili alyp bardyka? Galyberse-de, onda özüni dogry ýola ugrukdyrary ýaly daýysy-da ýokdy.
Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bütin jany-teni we bar güýji bilen Ýoşyýa ýaly bolup, Rebbe gulluk eden patyşa ondan ozal bolmandy we ondan soň hem hiç kim onuň ýaly bolmady.
Emma bu munuň şeýle bolmagy mümkinmi? Ýowaşy kimiň Hudaýyň ýoluna ugrukdyrandygy hakynda Mukaddes Kitap hiç hili habar bermeýär, emma onuň ýüreginde näme bolup geçendigi hakynda gürrüň berýär.
Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady…
Hudaýyň yzyna eýermek çözgüdi adamyň ýüreginde döreýändir. Bu ýaş patyşa ýöne özüni öwredişleri ýaly hereket etmäge synanyşyp, özüniň ugrukdyrylan ýoly boýunça gitmedi — ol özüniň bar güýjüni bagyş edip, Hudaýyň yzyna eýermek kararyny kabul etdi.
Mesihi ata-eneler bolan biz çagalarymyzyň ýöne mesihi däplerini ýerine ýetirmän, eýsem Hudaýy agtaryp, bütin ýürekleri bilen Oňa ýüzlenmekleri üçin elimizden gelenini etmelidiris. Eger çagalar öz imanlarynda ýeterlik derejede berk bolmasalar, onda olar duş gelen ilkinji synagynda ýykylarlar. Biz olaryň imanda berkemeklerine kömek edip, Hudaýy agtarmaklygy olara öwretmelidiris.
Muny nädip etmeli?
Birinjiden, mesihi bolmaklygyň düzgünleriniň toplumyny ýöne ýerine ýetirmekligi aňlatmaýandygyny çagalaryň aňlaryna ýetirmek wajypdyr. Biziň esasy maksadymyz — Hudaý bilen diri we hemişe çuňlaşýan gatnaşyklardyr. Isa biziň diňe bir günälerimizi bagyşlamak üçin däl-de, eýsem olary Öz ölümi bilen ýuwmak üçin hem geldi. Ol biziň Hudaýy tanamak, Ony söýmek we bakyýetde gudratygüýçli bolan Göklerdäki Atamyz tarapyndan özümiziň söýülmek mümkinçiligimizi alyp bilmegimiz üçin öldi. Çagalarymyzyň ýaşlygyna söýgi bilen ekilen we suwarylan tohum wagty gelende oňat miwe berer. Bu miwe bolsa olaryň imanlarynyň has ýetişen, aň ýetirilen we özleriniň ruhy tejribelerinde esaslandyrylan bolýandyr. Emma munuň amala aşmagy üçin, çagalarymyzyň özleri Hudaýy agtaryp başlamalydyrlar.
Ikinjiden, babyň başynda gürrüňini eden çaganyň ýetginjeklikden öňki döwrüne dolanmak bilen, ýene bir zada üns bereliň: ata-eneler çagalarynyň her gün agşamky Mukaddes Kitap gürrüňlerini okamaklykdan we bilelikdäki edilýän dileglerden şahsy dileglere geçmeklerine kömek etmelidirler. Bu şahsy dilegler üçin wagty çaganyň özi özbaşdak saýlamalydyr. Biz çagalarymyzy bu geçiş tapgyryndan şeýle edip geçirmelidiris welin, olary diňe bir Hudaý bilen ýekelikde galmaga öwretmän, eýsem Hudaýy diňläp, Oňa ähli pikirlerini we arzuwlaryny gönükdirip, Ony şahsy taýda agtarmalydyrlar.
Bir gezek men şeýle pikiri eşitdim: ata-ene hyzmaty tä çaganyň elini Hudaýyň eline tabşyrmaklyk wagtynyň gelenine çenli, onuň elini berk tutmaklykdan durýandyr. Ýetginjeklikden öňki döwür — bu siziň entek çaganyň elinden tutýan döwrüňiz, emma şol bir wagtyň özünde onuň öz elini Gudratygüýçli Hudaýyň elinden tutmagyna taýýarlaýan döwrüňizdir.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Öz çagalaryňyza «ata-eneleriň öwredýänlerinden» «özümiň iman edýänime» geçmeklerine kömek edip, öwretmekligiň, terbiýelemegiň we ruhlandyrmagyň wajypdygy hakynda ýadyňyzda saklaň. Nämäniň oňat, nämäniň bolsa erbetdigi hakynda dyngysyz tassyklap, gaty çemeleşmegiň geregi ýokdur — çagalar bilen gürrüň edip, olaryň öňlerinde sorag goýmak we olara özbaşdak pikirlenmegi öwretmek gowudyr. Çagalaryňyzyň kynçylyklaryny olar üçin özüňiz çözmän, olaryň kömek üçin özbaşdak Hudaýa ýüzlenmeklerine kömek ediň.
33-nji bap
Ester we Mordokaý:
Agasy oňa: «Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol» diýýär.
Birnäçe ýyl mundan ozal Isanyň az zatda sadyk bolmak çakylygynda geljekde biziň üstümize diňe bir has çynlakaý jogapkärçiligi atmak wadasynyň bardygy maňa aýan boldy. Özüniň az göwrümli jogapkärçilikleri bilen oňat iş salşyp bilýänlere Hudaý has ulusyny ynanjakdygyny wada berýär, çünki az işi oňat etmäge öwrenen adam has kyn işi ýerine ýetirmekde ätiýaç üçin goýlana eýe bolýandyr.
Eger siz daňdan ukudan oýanyp, ýeriiňizden turup, ilki bilen düşegiňizi ýygnap, emaý bilen geýimleriňizi düzedişdirýän bolsaňyz, onda öz ýatýan otagyňyzda tertip saklamak meseläňizi özüňiz üçin has ýeňilleşdirýänsiňiz. Özümizi kiçi düzgünleri ýerine ýetirmäge öwrenişdirip, has jogapkärli meseleleri ýerine ýetirmäge taýýarlaýandyrys.
Eger siz azajyk pula dogry ýolbaşçylyk edip bilýän bolsaňyz, onda sizde maddy taýdan oňat geljegiňiz bardyr, çünki azyna ýolbaşçylyk edip bilen adam köpüne ýolbaşçylyk etmekde has üstünlikde bolýandyr.
Şeýlelikde, eger siziň çagalaryňyz ýatylýan otagda tertibi saklap bilýän bolsalar, onda olara bütin öýde tertibi saklamagyň aladasyny ynanmak bolýandyr. Eger olar öz doganlaryny söýýän bolsalar, onda ähli adamlar bilen aragatnaşyk gurmagyň düzgünini olar özleşdirendirler.
Bu düzgüniň nähili hereket edýändiginiň aýdyň mysaly — Ýusubyň ykbalydyr. Onuň Potyparyň öýünde neneň sap ýürekli we wepaly hyzmat edendigi, onuň nädip öz hojaýynynyň ynamyny gazanandygy we bütin öýüň ýolbaşçysy edilip goýlandygy hakynda Mukaddes Kitap gürrüň berýär. Ol özüni türmede hem hut şeýle alyp bardy. Onsoň Ýusubyň bütin Müsürde ikinji adam bolmaly wagty gelende, bu ýük hem onuň üçin agyr bolmady, çünki güýçli häsiýeti emele getirýän, adamlar bilen gatnaşyklary gurmaga kömek edýän we tabşyrylan işe jogapkärli daraşmaga ýardam edýän ahlak düzgünler Ýusup tarapyndan özüniň hem gul, hem-de tussagly bolanynda-da özleşdirilipdi. Onuň fyrownyň köşgüne galdyrylanyna çenli-de, bu düzgünler üýtgewsiz galdy.
Esteriň ata-enesini aradan çykanlaryndan soň, ony garyndaşy Mordokaý terbiýeläpdi. Pars patyşasy özi üçin täze patyşa aýaly tapmagy islände, köşge ençeme owadan gyzlary getirdiler. Ester özüniň ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, patyşa aýaly bolýar. Mukaddes Kitap onuň üstünliginiň syryny açýar: ol haremhanany goraýan agtanyň sözlerini gaty ünsli diňleýär, haçanda agta nädip patyşa ýarap bolýandygy hakynda öwredende, Ester onuň ähli diýýänlerini jikme-jik ýerine ýetirýärdi — bir söz bilen aýdanymyzda, ol edil Mordokaýyň öýünde edişi ýaly hereket etdi.
Ester Mordokaýyň gyzlygy, onuň daýysy Abyhaýlyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.
Ester Mordokaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordokaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.
Ester Mordokaýyň gyzlygy, haremhanadaky aýallaryň biri bolanda-da, ahyrsoňy, patyşa aýaly bolanda-da, hemişe ulularyň maslahatlaryna gulak asmaga synanyşan oňat okuwçy bolupdy.
Mordokaý Esteriň durmuşyna dogry ugry berip bilipdi we Ester oňa berk eýerýärdi. Ädimme–ädim bir dogry çözgüdi beýlekisiniň yzyndan kabul edip, Ester öz maksadyna ýetip, patyşanyň ýanynda bolup bildi. Netijede, Hudaý ony bütin ysraýyl halkyny halas etjek adam hökmünde ulandy.
Ester özüniň iň oňat häsiýetlerini: okamaklyga bolan ukybyny, gulak asmaklygy, mähirliligi, ýumşaklygy, jogapkärçiligi, hormatlylygy, oýlap tapyjylygy, şepagatlylygy, çözgütliligi, öz mertebeligiňi duýmaklygy, zähmetsöýerligi, ugur tapyjylygy we akyldarlygyny dolulykda görkezdi. Şeýle häsiýetlere eýe bolan we islendik durmuş ýagdaýlarynda olardan ugur alýan adam özüniň kimdigine — şepagat uýasymy ýa-da aşpez, döwletiň baştutany bolýandygyna seretmezden, islendik jogapkärçilige döz gelip bilýändir.
Ata-eneler bolan biz nädip geljekki patyşalary we patyşa aýallaryny terbiýelemegi öwrenmeli? Nakyly ýadymyza salalyň: akar suw daşy ýylmaýar. Çagalarymyzy terbiýelemekde, biz olara hemişeligiň, kiçi işlerdäki berkligiň, ilki bilen uly mana eýe bolman görünýän ýagdaýlardaky dogry çözgütleriň ädimme-ädim olary özleriniň Hudaý tarapdan kesgitlenen maksatnamalaryna alyp barýandygyny düşündirmelidiris. Hudaýyň özümiz bilen hem edil Ester kimin hereket edýändigi baradaky düşünjäni çagalaryňyzda ösdüriň — biziň ykbalymyz babatdaky Onuň niýetleriniň amala aşmagy, hatda has ujypsyzja bolup görünýän işlerde-de, Onuň parzlaryna eýermegimze baglaydyr.
Esteriň durmuşynda iň wajyp we iň kyn mesele peýda bolanda, Mordokaý oňa bu düzgün hakynda ýatlatdy. Ol Esteriň patyşa bilen duşuşyp, ýewreýleri Hamanyň taýýarlan meýilnamasyndan goramagy soramagyny haýyş etdi. Ýöne Ester şübhelenýärdi, çünki patyşanyň ýanyna çakylyksyz barmagyň kanuna garşydygyny bilýärdi. Şeýle ýagdaýda Ester hatda öz janyny howp astyna salýardy we onuň edip biljek ýeke zady — bu patyşanyň rehimdarlygyna umyt etmekdi. Ýagdaý has-da agyrlaşypdy, çünki patyşa Esteri bir aýlap öz ýanyna çagyrmandy. Mundan bolsa Esteriň patyşanyň merhemetinden mahrum bolandygy hakynda netije çykarsa-da bolardy. Emma, ine, Esteriň şübhesine Mordokaý nähili jogap berdi:
Mordokaý hem Estere olardan şeýle jogap iberdi: «Patyşanyň köşgünde bolanyň üçin bar ýahudalaryň içinden ýeke özüň aman galaryn öýtme. Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudalar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»
Ýalňyş saýlawyň hemişe ýitgä we şowsuzlyga eltip, Hudaýyň niýetleriniň amala aşmagyndan daşlaşdyrýandygy hakynda, dogry saýlawyň bolsa Onuň erkiniň amala aşmagyna eltýändigi hakynda Mordokaý Estere ýatlatmagyny bes etmedi.
Biz şu baby Isanyň sözlerinden başladyk we ol sözleri Hudaýyň alnynda duran her bir adam eşitmek isleýändir:
Agasy oňa: «Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol» diýýär.
Çagalaryňyza şu syry açyň: olaryň bir gezek şeýle sözleri eşitmekleri üçin şu şerti kabul etmek gaty wajyp — olar az zatda sadyk bolmalydyrlar.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Belki-de, çagalaryňyzyň hakykata garşy günä etmezleri, gulak asyjy we rehimdar bolmaklary, özleriniň ýalňyşlyklarynyň netijelerini düzetmäge ymtylmaga synanyşmaklary üçin siz eliňizden gelenini edip, tapdan düşýänsiňiz. Durmuş üstünliginiň az zatlara bolan gatnaşyga neneň baglydygyny olara düşündiriň we siziň synanyşyklaryňyz puç bolmaz. Bu düzgünleri ýerine ýetirmegiň geljekki ýagşylygyň girewidigine çagalaryňyz düşünerler. Hatda çagalaryňyzy oturdyp, olar bilen bu baby bilelikde okap bolar, onsoň olaryň az zatlara çynlakaý seretmeklerini neneň güýçli isleýändigiňizi aýdyp bilersiňiz. Aýratynam eger siz bilelikde ýene bir gezek Ýusup bilen Esteriň durmuşlaryny derňeseňiz, onda şeýle gürrüňdeşlikden soň çagalaryňyzy dogry ýola dolandyrmak has-da ýeňil bolar.
34-nji bap
Eýýup:
Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi. Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, Ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä, Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi. Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.
On çagasyny ýitiren Eýýubyň agyrysyny beýan edip bolýan däldir. Ata-ene ýüreginde agyry dürli sebäplere görä ornaşyp bilýändir. Bu Eýýubyň ýagdaýyndakysy ýaly ölüm bolup biler ýa-da çaganyň agyr keseli, onuň ösüşindäki kadadan daşary ýagdaý we ş.m. bolup bilýändir. Emma çaga ata-enesiniň erkine garşy çykyp, olardan ýüregini daşlaşdyranda, ata-enäniň ýüregini ondan kem agyry eýeleýän däldir. Bu agyrynyň nireden gelýändigine seretmezden, ol çydardan artyk, çekip bolmaýan ejirleri berýändir.
Teselli bermek maksady bilen gelen Eýýubyň dostlary öz maksatlaryna ýetmedik bolsalar gerek. Ençeme baplarda beýan edilen gürrüňdeşlik döwründe, olar betbagtçylyklaryň diňe erbet adamlaryň başlaryna düşüp, dogrularyň ykballarynyň bolsa diňe ýagşylykdygyna Eýýuby ynandyrmaga çalyşýarlar. Has takygy, Eýýubyň ogullarynyň öz günäleri sebäpli ölendiklerini onuň dostlarynyň biri agzap geçýär, ýöne umuman olaryň bar delilnamalary günäniň barynyň Eýýubyň egnindedigine getirdi.
Kitabyň ahyrynda Hudaý Eýýubyň dostlaryna ýüzlenip olaryň azaşýandyklaryny aýdýar. Çagalar bilen bolan betbagtçylykda Eýýubyň günäsi ýok, şeýle-de, betbagtçylyklaryň sebäbini Eýýubyň ýazyklarynda agtarmagyň hem geregi ýokdur.
Biziň çagalarymyz bilen bir erbetlik bolanda, biz dessine günäkärleri gözläp başlaýarys we köplenç höküm ediji barmagy özümize tarap gönükdirýäris. Eýýubyň Hudaýdan jogap talap edendigine we Onuň pikirini bilmek isländigine seretmezden, ol ne Hudaýy, ne özüni, ne-de başga birini günäkärledi. Käwagtlar hiç kimiň günäkär bolmadyk
Betbagtçylyklara duş gelip, biz edil Eýýup ýaly: «
Eýýubyň dostlary özleriniň güýçsüzdiklerine gol çekmeli bolanlaryndan soň, Eýýup bilen Hudaý gürleşdi. Ol onuň alnynda soraglaryň baryny goýdy we ol soraglary şeýleräk jemlese bolar: Men ähli zady ýaradanymda, sen Meniň ýanymda bolduňmy? Bularyň baryny näme üçin ýaradandygyma, her bir zadyň näme maksatnamasynyň bardygyna düşünýärsiňmi? Meniň goýan maksatnamalarymy sen üýtgedip bilermiň?
Hudaý Eýýubyň öz düşünjesi üçin elýeter bolmadyk zada düşünmek isleýändigini aýdýar. Muňa seretmezden, Hudaý oňa kömek, Özüniň hemişe wepalydygy we Öz işleriniň hiç haçan niýetlerine hem maksatlaryna garşy çykmaýandygy hakyndaky hakykata düşünmegindäki tesellini teklip edýär.
Özümiziň
Betbagtçylyklaryň birnäçe sebäplere görä bolýandygy hakynda Mukaddes Kitap öwredýär. Birinjiden, biz günälerden doly bolan günäli dünýäde ýaşaýarys we käwagtlar bu dünýäden gelýän betbagtçylyklaryň we agyrylaryň alnynda goragsyz bolýandyrys. Ikinjiden, Mukaddes Kitap muny dünýä hojaýynçylyk edýän şeýtan bilen düşündirýär, çünki şeýtan ogurlamagy, öldürmegi we heläk etmegi isleýändir. Üçünjiden, biz öz ekenimizi— hem oňadyny, hem-de erbedini orýarys. Suratyň dolulygy üçin ýene bir sebäbi aýtmak mümkin: Hudaý biziň imanymyzy synaýar. Biziň öz imanymyz hakda beýlekilere-de şaýatlyk edip bilmegimiz üçin ony berk saklap,
Betbagtçylyk gelende, biz oňa duýgularymyzyň pürkülmegi bilen jogap berenimizde, ýokarda agzalan ýagdaýlaryň haýsysynyň herekete gelendigine düşünmek kyndyr. Biz Hudaýyň oňatdygy we ynamy ödeýändigini ýadymyzda saklamaga borçludyrys. Eger biz Oňa ynanýan bolsak, ýagdaýlara bagly bolmazdan, Ol bizi ähli synaglardan geçirer. Käwagtlar, agyr pursatlarda biziň Hudaýa bolan düşünjämiz ýalňyş bolup bilýändir. Hudaýyň ähli zady bilýändigini, Göklerden aşak seredip, biziň ejirlerimize biperwaý däldigini özüňize wagtal-wagtal ýatladyň. Ol biziň edýän hereketlerimizi synamak üçin biziň ýolumyzda täze-täze böwetleri döredýän däldir.
Biz mesihiler we Hudaýyň perzentleridiris. Ol bizde ýaşap, durmuşda biziň bilen bile ýöremegi wada berdi. Ol bizi hiç haçan hem terk etmejekdigini, kömege mätäç bolanymyzda, Oňa bil baglap biljekdigimizi aýtdy. Betbagtçylyklaryň we böwetleriň näme sebäp bilen ýolumyzda peýda bolýandygyna seretmezden, olaryň içinden bizi alyp çykyp, hemişe biziň bilen bile bolmagy Hudaý wada berdi.
Betbagtçylyk biziň maşgalamyzyň başyna düşende ýa-da işlerimiz isleýşimiz ýaly bolmanynda, özümizde Hudaýyň bardygyny ýadymyza salmalydyrys. Ol hemişe biziň tarapymyzda, Ol bize hemişe kömek we teselli bermäge taýyndyr. Onuň bilen bar zady ýeňip bileris.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Siziň çagalaryňyz betbagtçylyga uçranlarynda, elbetde, siz bolan wakanyň sebäplerine düşünmelisiňiz, emma siziň ilkinji etjek hereketiňiz çagalaryňyzy sizden hem has güýçli Söýýäne bütin ýüregiňiz bilen ýüzlenmek bolmalydyr. Biziň imanymyz synagdan geçende, biz Hudaýa has ýakyn bolup, Oňa has güýçli ynanmalydyrys, çünki biziň üstünligimiziň girewi diňe şundadyr. Eger betbagtçylyk aýrylmaýan bolsa, Hudaýdan kömek diläp, Oňa ynanmagyňyzy dowam etdiriň. «Eger» başaryp bilýän bolsa, onda öz ogluny Isanyň halas etmegini bir adam soranda, Ol şeýle jogap berdi: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» Indiki pursat her bir ata-ene ýüregini umytdan doldurmalydyr. Ol adam şeýle jogap berdi: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!» Ol adamyň ogly sagaldyldy! Hudaý sizi we siziň çagalaryňyzy söýýär. Ol siziň Özüne iman edip bilmegiňizde kömek eder (Markus 9:19–27 seret).
35-nji bap
Aýdymlaryň Aýdymy:
Süleýmanyň Aýdymlaryň Aýdymy kitaby — has tanymal we Mukaddes Kitaplaryň has gapma-garşylykly kitaplarynyň biridir. Ony täsin şahyrana sözleri, täsirli dili, aýdyň we höwesli söýgi gatnaşyklaryny beýan edýän keşpleri üçin gymmat tutýarlar, emma, şol bir wagtyň özünde-de, gapma-garşy diýýärler. Bu kitabyň gapma-garşylygy onuň düşündirilişiniň kän görnüşlidigi we onuň Mukaddes Kitaba girizilmeginiň sebäpleri üçin bolsa gerek.
Barlagçylaryň köpleri onda söýginiň höwesli we ýangynly taryhyny görýärler. Bu söýgi taryhy är-aýallygy şöhratlandyrýar we goldaýar. Beýlekiler bolsa bu ýerde Isa bilen Onuň Ýygnagynyň arasyndaky täsin we syrly gatnaşygyň keşbini görýärler.
Resul Pawlus özüniň Efeslilere ýazan hatynda bu düşündirişleriň ikisini hem jemleýär. Pawlus üçin ar-aýal söýgüsi bilen Isa we Onuň Ýygnagynyň arasyndaky deňlik gaty aýdyň.
Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys. «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar». Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin. Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn.
«Aýdymlaryň Aýdymy» adynyň özi munuň ähli aýdymlaryň iň esasydygyny göz öňünde tutýar, onuň «Şalaryň şasy» diýen jümle bilen utgaşmagy ýöne ýere däldir. Bu jümle ähli beýleki şalaryň tagzym etmeli bolan beýik Şasyna görkezýändir. Kitabyň ikitaraplaýyn düşündirilişi onuň aýdym hökmündäki adyna oňat düşünmäge kömek edýär. Bu aýdymda ýerdäki durmuşyň beýik sylaglary bolan Hudaý we adamlar bilen aragatnaşyk wasp edilmän, eýsem ýokarda agzalan sylaglaryň, ýagny är-aýal söýgüsi bilen Isa we Ýygnagyň gatnaşyklaryndaky söýginiň ýokary derejede aýan bolmagynyň iň beýik şatlygy we şadyýanlygy beýan edilendir.
Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, men Aýdymlaryň Aýdymy kitabynda güýçli terbiýe beriji serişdesini görýärin. Belki-de, bu taryhda biz ençeme ýyllap nikada bolan är-aýal gatnaşyklaryndakynyň suratyny däl-de, iki sany ýaş, bir-birlerini çuňňur söýýän we nika gurmaga taýyn bolan adamlary görmelidiris. Eger bu kitap dogrudanam ýaş aşyk-magşuklar üçin olaryň nika gijesine taýýarlyk wagtlary, nika gijesi wagtlary we ondan soňky wagtlary üçin pikirlerini we hereketlerini dogry ugra ugrukdyrmaga çagyrylan, Hudaýyň Ruhy bilen ruhlandyrylan gollanmany göz öňünde tutýan bolsa, onda ata-eneler bolan biz ony edil geljekki söýgülileriň gatnaşyklaryny dogry ýola salmaga öwredýän serişde hökmünde ulanmaly däldirismi?
Aýdymlaryň Aýdymy Kitabynyň manysy birnäçe sebäplere görä beýikdir. Birinjiden, onda Hudaýyň Sözi we Hudaýyň garaýşy beýan edilen. Ikinjiden, onuň şu kynçylyga bolan usuly her bir ikiýüzlilikden mahrum edilip, adaty bolmadyk deňagramlylyk bilen häsiýetlendirilýär. Hut şeýle deňagramlylyk hem nebsiňe buýurmaklyk baradaky temalaýyn gürrüňdeşliklerde ýetmezçilik edýär. Onda ýüregiňe, aňyňa we teniňe jüňk oturýan söýginiň aýdyň şatlygy aýan edilýär, emma bu hökman är-aýal gatnaşyklarynda bolýandyr. Aýdymlaryň Aýdymy kitabyny ýetginjeklik döwrüniň alnyndaky ýa-da ýetginjek ýaşlaryndaky çagalaryňyz bilen bilelikde okamaklyk bu tema boýunça dowamly gürrüňiň başy bolup biler. Ilki bilen şu tekstden okalan şol ýa-da beýleki sözüň ýa-da deňeşdirmäniň onuň pikir boýunça näme aňladýandygyny soraň we olaryň pikirleriçe, şu ýerde Hudaý nähili maksady yzarlaýandygyny anyklaň. Çagalaryň şu tema taýýarlyk bilen jogap berjekdiklerine we gürrüňiň hökman gyzykly boljakdygyna ynamly boluň.
Ýogsa-da, şeýle gürrüňdeşligi nädip başlamalydygy hakynda Aýdymlaryň Aýdymynda maslahatlar hem bardyr. Biz okyja ýüzlenip şeýle haýyşy eşidýäris:
Adagly edilenleriň, soňundanam är-aýal bolanlaryň bar ünsleriniň bir-birleriniň duýgy isleglerinde we bir-birleriniň hyýallarynda jemlenendigini görkezýär, ýogsa-da, olaryň ikileri-de öz ýüreklerinde we hereketlerinde hakykata bolan wepalylygy saklaýarlar. Bu gollanmany çagalara özleriniň jynsy gatnaşyk baradaky hyýallaryny diňe nikanyň ilkinji gijesi we är-aýal düşegi bilen baglanyşdyrmagy öwretmek üçin ulanmak mümkindir. Biziň meselämiz çagalarymyzyň öz pikirlerine ýolbaşçylyk edip bilmeklerine kömek etmekden durýandyr.
Aýdymlaryň Aýdymynda dostlaryň we aşyk-magşuklaryň söýgüsine daşdan syn edijileriň soraglarynyň we jogaplarynyň bardygy hem şuny görkezýändir: biziň özümiziň hususy tenimize bolan gatnaşygymyz diňe bize we biziň söýgülimize degişli däldir. Bu soragdaky biziň ýagdaýymyz we özümizi alyp barşymyz maşgalamyza we ýygnaklarymyza hem täsir edýändir, çünki biz özümiziň durmuşymyzyň şu tarapyna olaryň öňlerinde özümiz jogapkärdiris.
Aýdymlaryň Aýdymynda beýan edilen söýgi biziň ýüreklerimizde döreýändir we gerek wagtynda ten gatnaşykda beýan edilýändir. Şeýle mukaddes edilen we höwesli söýgi agyr wagtlarda hem bekligine galýandyr. Kitap ara alyp maslahatlaşmak üçin kän temalary teklip edýär we olary öz çagalarymyzyň talaplaryna görä saýlap bileris. Mysal üçin, kitabyň jynsy gatnaşygy beýan edýän sahnalary gerek bolanda nähili iş ýüzündäki maslahatlary bermelidigini bize aýdyp biler. Bu maslahatlaryň nähili derejede anyk boljakdygy geljekki nika gijesiniň näçe daşdygyna baglydyr.
Okalan tekste meňzetme görnüşinde seretmek hem mümkindir. Şeýle usulda okalanda, çagalarymyzyň öňlerinde Isanyň we Ýygnagyň arasyndaky gatnaşyklar nikadaky gatnaşyklary şekillendirýän suraty aýan eder. Aýdymlaryň Aýdymlaryndaky aýatlary resul Pawlusyň Efeslilere ýazan hatyndaky taglymat bilen deňeşdirmek mümkindir.
Men siziň bu kitaby ençeme gezek okamagyňyzy, şeýle-de, oňa oňat düşündiriş kitabyny tapmagyňyzy maslahat berýärin. Şondan soň siz öz çagalaryňyz bilen bu kitap boýunça gürrüňdeşlige başlap bilersiňiz. Şu şertler ýerine ýetirilende, bu gürrüňdeşlikler gaty peýdaly bolup biler.
Mukaddes Kitabyň jynsy gatnaşyk hakda beýik we täsin sylag hökmünde aýtmagy bilen bir hatarda, ol şol bir wagtyň özünde oňa bolan nädogry gatnaşyk hakda berk duýduryşlar berýändir. Bu çäklendirilmeler bize Hudaýyň ikiýüzli bolandygy üçin däl-de, bar zady Onuň ýaradyp, diňe Onuň Özüniň ähli zatlaryň we hadysalaryň işleýşini bilýändigi üçindir. Şonuň ýaly hem biziň bagtly bolmagymyz üçin, Ol biziň nädip dogry hereket etmelidigimizi we betbagtçylykdan gaça durmagymyz üçin, nämeden daş bolmalydygymyzy hem görkezýändir. Biziň çagalarymyz özlerini häzirki döwrüň medeniýetiniň ýalňyş habarlarynyň partladyjylardan doly bolan meýdanyndan geçirip, iň ýokary ýagşylyklara, ýagny özleri üçin Hudaýyň taýýarlan bagtly är-aýal durmuşyna eltmäge kömek edip bilýän ýolbaşçylyga mätäçdirler. Hut şunda älemdäki ähli aýdymlaryň iň beýik aýdymynyň ornuna artyk baha bermek gaty kyndyr.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Bireýýäm gadagan bolmagyny bes eden jynsy gatnaşyk temasy häzirki medeniýetiň ünsüniň merkezinde boldy. Eger biz çagalarymyz bilen jynsy gatnaşyk soraglaryna Hudaýyň gatnaşygy barada gürrüňe başlamaga howlukmasak, onda olaryň aňlarynda peýda bolan boşlugy öz düşünjesini doldurmak maksady bilen dünýä bizden öňe geçer. Biziň borjumyz — çagalarymyzda jynsy gatnaşyk we nika hakynda Mukaddes Kitap taglymaty astynda dogry düşünje döretmek we daşky täsirden olary goramakdyr. Öz işiňiz bolan jynsy gatnaşyk meselesi babatda Hudaýyň niýetini we Onuň parzlaryny düşündirmäge kömek edýän beýleki serişdeler bilen ýaraglanmagyňyz üçin, Aýdymlaryň Aýdymy kitabyny okaň. Çagalaryňyzda şu temada özleri üçin mesihi edebiýatlaryny okamak islegini dörediň.
Şu temanyň wajyplygynyň gaty beýikdigine seretmezden, köplenç ol biziň ileri tutulmalarymyzyň düzüminde iň soňky orunda ýerleşýändir. Näme üçin beýle bolýar? Çünki çagalarymyz bilen şu tema hakynda gürrüň etmegiň wajyplygy peýda bolanda, biziň barymyz çekinjeňligi we hatda utanmaklygy duýýandyrys. Eger bu şeýle bolsa, onda gürrüňdeşlik üçin iň oňat wagty görkezip, özüňize gerek bolan akyldarlygy ibermegini üçin Hudaýdan dileg ediň.
36-njy bap
Danyýel mekdepde:
Meni Danyýeliň durmuşy we ony durmuş ýollarynda duş gelen käbir ýagdaýlar haýran galdyrýar. Danyýel çuňňur akyldarlykdan doly bolan we Mukaddes Kitabyň içine girýän iň manyly kitaplaryň birini ýazan Hudaýyň adamy bolupdyr.
Ýetginjek döwründe Danyýel öz öýünden jyda düşüp, Babyla äkidilipdi. Ahyrsoňy ol patyşanyň köşgünde bolýar. Ol ýere ol tanymal ysraýyl neslinden bolan ýesir alnan beýleki ýaş ýigitler bilen patyşanyň buýrugy boýunça getirilýär (Danyýel 1:3–4 seret). Özüniň ýesir edilip alnyp gidilmezinden ozal ol patyşa maşgalasynda, ýa-da gaty tanymal maşgalada terbiýe alan bolmagy ahmal.
Danyýeliň oglanlyk döwri dogruçyl Ýoşyýanyň patyşalyk eden ýyllaryna laýyk gelýär. Ýoşyýa döwründe mertebeli maşgalada terbiýelenen Danyýel çuňňur ruhy terbiýe we dini bilim alman bilmezdi.
Babyl bilimini almak üçin beýleki üç ysraýyllylar bilen Danyýel patyşanyň köşgüne getirilipdi. Dörtleriň ählisine-de babylça at dakýarlar. Atlaryň şeýle çalşylmagy aşakdaky ýaly mana eýedi: Danyýeliň ýewreý adynyň soňky boguny bolan «el» Hudaýy aňladýar, babyl adyndaky birinji bogun bolan «bel» bolsa, babyl hudaýynyň adyny aňladýardy[3]. Şeýlelikde, diri Hudaýa ynanýan Danyýeliň buta ynanýan özge milletli biriniň emele gelmegi göz öňünde tutulypdy. Danyýel bilen onuň dostlary edebiýat boýunça diňe bir adaty mekdep bilimleriniň göwrümini özleşdirmeli däldirler: ilki bilen olarda babyl ruhy boýunça dünýägaraýşy döretmäge synanyşýardylar.
Aslynda, olaryň gatnaýan mekdepleri biziň gatnaýan häzirki zaman mekdeplerimizden kän tapawutlanmaýardy. Biziň döwlet mekdeplerimiziň okuw programmalary diňe bir dini hakykatlar babatda bitaraplyga eýe bolman, eýsem mesihiligiň esasyna gaty gapma-garşydyr.
Käbirleriniň pikirlerine görä, biz ýerimizden turup, özümize üns bermeli we baryny üýtgetmelidiris. Men munuň bilen jedelleşmek islemeýärin, emma käbir wajyp zady belläp geçmek isleýärin: çagalarymyzyň dogry aň-bilimli we ruhy bilimi döwletiň borjy däldir, bu
Eger siziň gyzyňyz saz sungaty tarapdan başarjaň bolsa, siz bolsa saz sapagy boýunça umumy mekdep programmasyny gyzyňyza ýeterli däl diýip hasaplaýan bolsaňyz, onda ony sungat mekdebine berersiňiz ýa-da saz mugallymyny hakyna tutarsyňyz, şeýle dälmi?
Edil şeýle ýagdaýa meňzeşlikde, eger siziň çagalaryňyz hakykata garşy nazarýetleriň öwredilýän döwlet mekdebine gatnaýan bolsa, onda bu kynçylygyň çözgüdi diňe siziň borjuňyzdyr. Belki-de, ýagdaýy raýatlyk jemgyýeti syýasy derejede özgertmeli diýip hasap edýärsiňiz, ýöne öz çagaňyzyň durmuşyndaky ýagdaýy diňe ata-eneler bolan siziň özüňiz düzetmelisiňiz.
Biziň bagtymyza, Danyýel we onuň üç dostlary entek babyl sürgüninden öň Ýahudada oňat bilim alypdylar. Ol ýerde olar diňe bir ýagşyny ýamandan tapawutlandyrmaga öwredilmän, eýsem Ýoşyýa patyşanyň ýok edýän özge millet dinleriniň howpuna hem düşünýärdiler. Netijede bu ýaş ýigitler alan bilimlerini Hudaýyň hakykatlary astynda kabul etmäge we olar hakda oýlanmaga öwrenipdiler.
Babylda olar Hudaý tarapyndan gadagan edilen, mysal üçin, astrologiýa we pal atma duş gelipdiler. Ol bu özge millet sapaklaryny öwrenmeklikden boýun towlap bilmeýärdiler, emma olara dogry baha berip, hiç haçan hem olara ýüz tutmandylar. Sorag düýşleri ýormak we geljegi öňünden aýtmak hakynda gidende, Danyýel babyl jadygöýleri bilen işdeş bolmagy inkär edip, Hudaýa dileg bilen ýüzlendi.
Belki-de, bu iş siziň üçin güýjüňizden artykdyr? Goý, bu sizi alada goýmasyn, çünki siz kiçi kynçylyklary ýeňillik bilen ýeňip geçýän bolsaňyz, onda has jogapkärli mesele bolan öz çagalaryňyzyň bilimini mesihi gözýetiminiň esasynda gurmaklyk hem başardar.
Çagalarymyzyň döwlet mekdeplerindäki okuw ýagdaýlaryny oňatlaşdyrmagy çözmezimizden ozal, geliň, käbir beýleki mümkinçiliklere seredip geçeliň. Ençeme mesihi maşgalalar öýde sapak bermegi saýlaýarlar, aýratynam bu usul kiçi çagalar üçin kän ulanylýandyr. Bu ýaman usul däl, emma ol biziň üçin ulanarly däl. Saýlawymyzy öýde sapak bermeklikde saklap, düýbünde mesihi dünýägaraýşy goýlan okuw programmasy bilen çagalaryňyzy üpjün etmelisiňiz. Mundan başga-da, çagalarda dünýä we onuň baýlyklaryna bolan dogry dünýägaraýşy ösdürmeklige, olary bu dünýädäki durmuşa taýýarlamak üçin olara hakykaty ýalandan saýlamaklygy öwretmek üçin wagtyňyzy sarp etmelisiňiz.
Beýleki ýene bir mümkinçilik — bu mesihi mekdebi. Ýene-de diýýärin, bu hemmeler üçin oňat we hemmeler üçin elýeter hem däldir. Ýöne ýagdaýlaryň oňat bolanynda, mesihi mekdebiniň kömegi kynçylygy çözmegiň oňat serişdesi bolup biler.
Emma mesihi mekdebinde-de sizi bar zat kanagatlandyrmaz. Onda kömek ediji, ýöne şonda-da peýdaly serişdäni görmek dogrudyr. Çagalarymyzyň ruhy taýdan ösüşleriniň jogapkärçiligini doly ýygnagyň üstüne atyp bilmeýändigimiz ýaly, döwlet ýa-da hususy mekdeplere-de öz çagalarymyzy öwretmek meselesinde kän hukuklary bermeli däldiris.
Danyýel bilen onuň dostlary Babyl Hudaýa hyzmat etmeklige we özge millet mekdebinde okamaklyga taýyn bolup geldiler. Olaryň ata-eneleriniň geljekki sütem we sürgün hakynda Ýeremiýanyň pygamberligini eşidip, öz çagalaryny bu gaçalgasyz bolan ykbala taýýarlan bolmaklary gaty mümkindir (Ýeremiýa hut Danyýeliň doglan wagtyndan başlap, öz hyzmatyna başlan bolmaly). Belki-de, olar öz çagalaryny özge millet ynamlaryndan ýöne goramak isländirler. Nähili bolandygyna seretmezden, olar dogry etdiler. Danyýel diňe bir ýeke-täk sebäbe görä dünýäni özgertdi: ol özüne teklip edilen taglymatlara tankytlaýjy seredip, olary Hudaýyň Sözüniň hakykat bilen deňeşdirip, ýalan maglumatlary taşlaýardy.
Danyýel pygamberiň kitabynyň 1-nji baby onuň durmuşynyň iň haýran galdyryjy wakalarynyň birini beýan edýär: babyl patyşasy Danyýel we onuň dostlary üçin synag gurnaýar we Rebbiň şägirtleriniň Oňa bil baglap, özlerini gurşan dünýä «Hudaýyň» gözleri bilen seredenlerinde, näme bolup geçýändigine syn edýäris.
Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny bildi.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Öz çagalaryňyz üçin okuwyň nähili görnüşini saýlandygyňyza seretmezden, okuw programmasynyň öz içine ruhy düzüjini almagy gaty wajypdyr.
1. Iň esasy zatdan başlaň: çagalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň we olaryň mekdepde alýan bilimleriniň hemişe mesihi taglymatlaryna laýyk gelmeýändigini düşündiriň. Olar muňa taýyn bolmalydyrlar, siz bolsa olara dogry ugry görkezmäge kömek edersiňiz. Eger okuw sapaklaryndan bir zatlar özleri üçin düşnüksiz bolsa ýa-da özleriniň imanlaryna garşy ýaly bolup görünýän bolsa, onda öz şübheleri bilen siziň bilen paýlaşjakdyklary hakynda öňünden şertleşiň. Olaryň: «Şu gün sen mekdepde näme täze zat öwrendiň» diýen soraga aç-açan jogap bermekleri hakynda aladalanyň, çünki bu sorag gaty wajypdyr.
2. Özüňize elýeter bolan, ýöne maşgalaňyza zyýan ýetirmeýän ähli serişdeler bilen çagalaryňyzyň öz imanlaryny we Hudaýyň Sözüni tanamaklarynda ösmeklerine dyrjaşyň. Haçapça ýasama puly tapawutlandyryp bilmegi öwretmegiň iň oňat usuly — ony hakyky pul bilen oňat tanyşdyrmakdyr.
3. Çagalaryňyza töwereklerinde görýän zatlary hakynda oýlanmaklygy öwrediň, olaryň öňlerinde soraglar goýuň we olara jogap bermegi öwrediň, şeýdip, olarda gürrüňdeşlik etmek ukyby dörär. Netijede, kesgitli ýaşa ýetip, olar edil Danyýel ýaly täze maglumaty özleriniň Mukaddes Kitap sapaklarynda özleşdiren hakykatlary esasynda derňäp bilerler.
37-nji bap
Şadrak, Meýşak, Abednego — oda tarap öňe:
Nebukadnesar patyşa öz durmuşyny dürli hili gyzyklanmalar bilen bezemegi gaty halaýan adamdy.
Bir gezek bu hökümdar beýikligi 30 metre barabar bolan altyn but ýasap, oňa sežde etmegi buýurýar. Oňa sežde etmedikleriň bary ýanyp duran oda taşlanmalydy. Haçanda Şadrak, Meýşak we Abednego bu altyn buta sežde etmekden boýun towlanlarynda, patyşa olary ýanyp duran oda taşlamagy buýurýar, emma Hudaý olary halas etdi we olar aman-sag galdylar. Şondan soň Nebukadnesar öz erkini ysraýyllylaryň Hudaýyna garşy ýekeje adam-da bir söz aýdaýsa, ol parçalanar we jaýy hem harabaçylyga öwrüljekdigini yglan edýär.
Şol gün Şadrak, Meýşak we Abednego beýik ýeňiş gazandylar. Bu ýeňşi bilen olar seni ylalaşyga mejbur edýän hudaýsyz medeniýetiň basyşy astynda nädip berk durmalydygyny görkezdiler. Bu ýagdaý «bdeň-duşlaryň täsiri» ady bilen giňden tanymaldyr.
Şu üç ýewreý ýigitleriň patyşa köşgündäki adamlaryň arasynda Hudaýa ynanýanlaryň ýekesidikleri gaty mälimdir. Olar täze hökümdar, mugallymlar we deň-duş okuwçylary tarapyndan hemişe basyşy duýýardylar. Muňa seretmezden, olar başyndan başlap sežde etmezligi çözdüler. Bu olar tarapdan edilen has dogry çözgütdi, çünki olara bolan basyş gitdigiçe güýçlenýärdi. Olar bütin ömür bu basyşa garşylyk görkezmelidiler, şonuň üçin hem olar gün-günden Hudaýyň yzyna eýermegiň peýdasyna ýene we ýene saýlaw etmelidiler.
Garawullar ýigitleri ilkinji gezek köşge getirenlerinde, olar patyşa saçagyndan iýmitlenmelidiler. Mukaddes Kitabyň ol iýmitiň nähili bolandygyny jikme-jik beýan etmeýändigine seretmezden, ýewreý ýigitleriniň ondan iýmegi inkär edendikleri sebäpli, ol iýmitiň köne äht talaplaryna laýyk gelmeýändigi aýdyňdyr. Danyýel öz saçagyna diňe önümdir suw berilmegini soraýar. Hyzmatkärleriň biri Danyýele göwündeşlik edýär, emma eger ol patyşanyň kararyny ýerine ýetirmese, kellesiniň aýryljakdygyndan gorkýardy. Şonda Danyýel on günlük synagy teklip edýär: eger olar bu möhletiň ahyrynda olar sagdyn bolsalar, onda olara özleriniň haýyş edýän iýmiti berler, eger-de sagdyn bolmasalar, onda olar hemmeleriň iýýän naharyndan iýmeli bolarlar. On günden soň olar beýleki okuwçylardan oňatdylar we özleriniň aýratyn naharlanmalaryna rugsat aldylar.
Danyýel bilen onuň dostlarynyň özlerini ylalaşyga çekýän basyş olaryň durmuşlarynyň adaty ýagdaýy boldy we sekulýar medeniýetde ýaşaýanlar we terbiýelenýänler üçin bolsa mahsus boldy. Şondan soň tizara Şadrak, Meýşak we Abednego otuz metrli «Oskara» tagzym etmekden boýun towladylar (meniň göz öňüme getirmämde, Nebukadnesaryň heýkeli hut şeýledir). Olaryň synpdaşlary patyşa baryp şugulladylar we patyşa küräni otlamagy buýurdy.
Ençeme ýyllardan soň Danyýeliň deň-duşlary ondan dynmak islediler. Olar patyşanyň bir karar kabul etmegini haýyş etdiler. Bu karara laýyklykda, otuz günüň içinde hiç kim hem patyşadan başga birine dileg etmeli däldi. Ýene-de Danyýel ynsaby bilen ylalaşyga gitmedi we munuň üçin ýolbarsly çukura taşlandy. Ýöne birnäçe ýyl mundan ozal edil öz dostlaryny oduň ýakmandygy ýaly, ýolbarslar hem oňa degmediler.
Basyşy kimiň we näme maksat bilen edýändigine seretmezden, oňa garşy durup bilmegi we berkligi nädip öz çagalarymyzda terbiýelemelidiris? Bu soragyň jogabynyň gözleginde, geliň, bu ýewreý oglanlarynyň çagalyk ýyllary hakynda bize nämäniň mälimdigine seredip geçeliň.
Olaryň çagalygy Ýahudany ýeke Hudaýa hyzmat etmäge bar güýji bilen synanyşan Ýoşyýa patyşanyň şalyk süren döwründe geçýär. Ýahudanyň ähli ýerlerinde Ýoşyýa ähli butlary ýumrup, olara sežde edilýän ýerleri harabalyga öwürýär, butlaryň ruhanylaryny we ýalan pygamberleri öldürmegi buýurýar. Ol ybadathanany dikeldýär, Hudaýa gulluk we gurban getirmeklik däplerini dikeldýär. Ybadathananyň timarlanyş döwründe kimdir biri Töwrat kitabyny tapýar. Kanunyň sözlerini eşidip, Ýoşyýa titreýär, çünki ol bütin ýüregi bilen öz Hudaýyna hyzmat etmegi unudan halkyň geljegi hakyndady. Ýoşyýa halky ýygnaýar we adamlaryň özleri öz gulaklary bilen eşidip, islendik ylalaşygy inkär etmekleri üçin, ol Kanuny hemmelere eşitdirip okamagy buýurýar.
Halk Hudaýa wepaly bolmak wadasyny dikeldýär. Ýoşyýa Müsür gulçulygyndan azat bolmagyň nyşany bolan Pesah baýramyny bellemek däbini täzeden dikeldýär. Biziň bu dört gahrymanlarymyz hut şol döwürde, ýagny Ýoşyýanyň Kanunyny eşidip, özüni we öz halkyny gaýtadan Hudaýa hyzmata bagyş eden döwründe dogulýarlar. Elbetde, täze, ýagny täzeden dikelen Kanun ony öz çagalaryny hem geçirmek parzyny öz içine alýardy.
Bularyň barynda men Hudaýyň merhemetini we Onuň wagty anyk saýlamagyň täsin başarjaňlygyny görýärin. Hudaýyň niýetine laýyklykda, Onuň halky sürgüne iberilipdi. Sürgünde halk Hudaýyň sesini eşidip, bütin ýahuda medeniýetini eýelän butparazçylykdan azat bolup bilerdi. Sürgüniň öň ýanynda Hudaý Ýoşyýany tagta çykardy we oňa ýurdy butparazlykdan azat etmäge, halky Kanun bilen tanyşdyryp, ony ruhy taýdan täzeden dikeltmäge kömek edipdi.
Butparazçylyga gaty çuň batan halkyň dogry ýolda uzak wagtlap durup bilmejekdigini Hudaý bilýärdi. Bu ýagdaý Ýoşyýanyň ölüminden soň dessine amala aşdy — adamlar çaltlyk bilen öz günälerine dolandylar. Emma Danyýeliň nesli Hudaýa wepaly bolan Ýoşyýa patyşanyň döwründe ösüp, terbiýe alypdy, patyşanyň işleri hakda eşidip, gözleri bilen görüpdi. Hut şu nesil hem babyl sürgünine äkidilipdi. Ýoşyýanyň döwürdeşleriniň wagty gutardy, emma bu patyşanyň mysalyny Hudaý indiki nesli halas etmek üçin ulandy. Hawa, Ýoşyýanyň mysaly bu nesliň Hudaýa bolan wepalylygyny saklap, Babyl bilen ylalaşyga girmän, Oňa hyzmat etmegini dowam etdirmäge kömek etdi.
Hatda öz halkynyň arasynda ylalaşyga girmäge taýyn bolan şübhelenýänleriň bolandyklaryna seretmezden, bu dört oglanlaryň butparaz dünýäniň basyşy astynda durup bilmekleri üçin Hudaý olary berketdi, synady we öwretdi. Olaryň güýçleriniň syry nämede? Olar ylalaşýanlara nämäniň garaşýandygyny bilýärdiler, imansyzlyk we ylalaşyga taýyn bolmaklygyň babyl sürgüniniň sebäbi bolandygyny bilýärdiler… Olaryň gözleriniň alnynda butparazçylygyň basyşy astynda epilmedikleriň aýdyň mysaly bardy, belki-de, bu olaryň ata-eneleriniň mysalydyr ýa-da entek ýetginjek wagtyndan başlap Hudaýy agtaryp, Oňa bütin ýüregi bilen hyzmat edip başlan Ýoşyýa patyşanyň mysaly bolandyr (2-nji Ýyl ýazgylar 34:3 seret).
Gepiň gysgasy, olar iki ýoluň hem nirä eltýändigini bilýärdiler we bu bilimi biz öz çagalarymyza geçirmäge borçludyrys.
Resul Pawlus biziň esasy duşmanymyz bolan şeýtana kem baha bermegiň howpy hakynda duýduryş beripdi, çünki onuň iň söýgüli ýaragy — ýalandyr. Deň-duşlarynyň täsiri öz-özünden kän bir howply däldir, emma olaryň sözleýişlerine ussatlyk bilen örülen: «Sen hiç kime-de ýamanlyk etmeýärsiň ahyryn» ýa-da «Gulak assana, bu seniň öz hususy teniň ahyryn», «Hudaý biziň kämil däldigimize düşünýär», «Bu ýerde günä näme işlesin, eger…» diýýän ýalanlary gaty howpludyr. Çagalarymyzy günä etmäge eltýän typançak ýol şu we şuňa meňzeş beýleki sözdäki deliller bilen bezelendir. Islendik günä etmekligiň özeni bolsa — şu ýalandan durandyr. Eger sen hemmeler tarapdan kabul edilen ylalaşyk bilen ylalaşmasaň, onda hemişe utulan, bagtygara adam bolarsyň. Bu ýalanlaryň ýalanydyr. Hakykat bolsa şundan durandyr: diňe Hudaýyň ýollaryndan ýöräp sen hemişe ýeňiji bolarsyň we diňe öňe gidersiň.
Ýanyp duran kürä seredip, Şadrak, Meýşak we Abednego özleriniň näme üçin görgi görjekdiklerini bilýärdiler we özleriniň ynamlaryny anyk bilýärdiler — bu dünýä bilen ylalaşyga girmezlik. Hut şundan olar özleri üçin güýç alýardylar.
Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşa şeýle jogap berdiler: «Bu ýagdaýda özümizi senden goramagyň geregi ýok. Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip biljek Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder. Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun, biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».
Ýaş oglanlar öz ynsaplary bilen ylalaşyga girmediler we otdan hiç bir ezýetsiz çykdylar.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Öz çagalaryňyz bilen ylalaşyga girmegiň, deň-duşlaryň täsiri we günä kynçylygy hakynda gürrüň ediň. Mysal hökmünde Danyýeliň taryhyny ulanyň. Çagalaryňyz bilen agşamlyk gürrüňdeşlik döwründe bu tema wagtal-wagtal dolanyň. Sadrak, Meýşak we Abednegodan görelde alyp, ylalaşyga girmekden gaça durmak çözgüdinden bir-biriňize kömek berip, goldamaklygy wada beriň. Çagalaryňyzyň ýaşlaryny göz öňüne tutyp, ylalaşyga girmegiň hemişe ýitgä getirýändigini, öz ynamyňa wepaly bolmaklygyň bolsa ýeňşi girew berýändigini subut edýän öz durmuşyňyzyň ýa-da başgalaryň durmuşlarynyň käbir wakalaryny gürrüň beriň. Gün-günden islendik ýagdaýlarda-da siziň öz ynamyňyza laýyklykda, aýratynam durmuş synaglary pursatlarynda oňa berk ynamlylykda ýaşaýandygyňyzy çagalaryňyz görmelidirler.
38-nji bap
Malaky we Ýahýa suwa çümdüriji:
Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin. Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enesine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp bütinleý ýok etmerin.
Bu gaýgyly sözler bilen Köne Äht gutarýar. Eger Hudaýyň Sözünde bar zat Onuň öňden görüjiligi bilen beýan edilip, Onuň maksatlary bilen şertlenen bolsa, onda bu gorkuzyjy äheňler nireden geldikä?
Malaky iki gezekki göklerden aşak inişlik hakynda gürrüň edýär: Ylýas pygamber (Ýahýa suwa çümdüriji) we Reb (Isa Mesih).
Hem Jebraýyl perişde, hem-de Isa şu ýerde Malakynyň Ýahýa suwa çümdüriji hakynda gürrüň edýändigini tassyklaýarlar (Luka 1:17; Matta 17:12 seret). Täze Ähtiň döwrüniň gahrymanlarynyň birinjisi bolup hyzmata başlan Ýahýa özüne Malakynyň pygamberlik edendigi hakynda aýdýar.
«Malaky» ady «iberilen» ýa-da «Hudaýyň ibereni» diýlip terjime edilýär we Ýahýa hakdaky pygamberliginiň başynda (Malaky 3:1 seret) Malaky ony Hudaýyň ibereni diýip atlandyrýar. Malaky pygamberiň kitaby Ýahýanyň wagzy üçin özboluşly gollanma hökmünde hyzmat edýär, çünki Hudaýyň bu iki pygamberleriniň arasyndaky meňzeşlik gaty aýdyň. Şeýle, olaryň ikisi hem Hudaýa we goňşyňa bolan söýginiň oňa laýyk gelýän işleri bilen berkidilmegini berk nygtaýarlar. Olaryň ikisi hem Hudaýa girdejiňiň ondan biriňi birip, Oňa hormat goýmalydygy hakynda aýtdylar; ikisi hem öz döwürlerindäki dini serdarlaryň ikiýüzliligi we Hudaýa hormat goýmazlygy üçin olary berk ýazgardylar; ikisi hem toba we içden özgermeklige çagyrdylar; olaryň ikisi-de Hudaýa ýüzlenmekden ýüz öwrenleriň üstlerinden Hudaýyň geljek höküm gününi yglan etdiler.
Olaryň ikisi-de Isany görkezdiler.
Hudaýyň bu pygamberleri iki ähtleriň arasyndaky boşlugy doldurmak üçin, Hudaýyň niýetiniň birinji tapgyrynyň gutarandygyna we bize onuň ikinji tapgyryny açmaga çagyrdylar.
Emma Ýahýa Malakynyň soňky pygamberligini ýerine ýetirdimi?
Mukaddes Kitapda biz Ýahýanyň çagalary terbiýelemek temasynda ata-enelere berýän maslahatyny-da, çagalaryň öz ata-enelerine bolan gatnaşyklary babatda berýän öwüt-ündewlerini-de tapmaýarys. Onuň atalar bilen ogullaryň ýaraşmaklygy bilen meşgullanandygy hakynda bizde hiç hili şaýatlyk hem ýok, hiç bolmanda, okalan bölegiň gaty sözme-söz terjimesine seredeniňde, hut şeýle surat gözüňe görünýär.
Gürrüňimizi dowam etdirmezimizden ozal, men bir wajyp zady bellemek isleýärin. Mukaddes Kitap hiç ýerde-de bu aýatlaryň manysyny açmaýar, şonuň üçin hem her bir düşündiriji bu işe gaty uly jogapkärçilik bilen girişmelidir. Men şu ýerde bu sözlere özümiň düşünişimi beýan edýärin we Hudaýyň niýetine laýyklykda, olaryň Mukaddes Kitabyň hut ýerinde peýda bolşunyň sebäpleri babatda özümmiň hususy garaýşymy getirýärin. Özüňiz üns bilen okaň, barlaň we meniň düşündirişim bilen ylalaşýarsyňyzmy ýa-da ýok, özüňiz çözüň.
Hudaý we Onuň erki hakyndaky taglymaty bütin dolulygynda biziň öz çagalarymyza ýetirmek synanyşygymyz Hudaýyň öňünde gaty gymmatlydyr we hut şunda-da biz Onuň niýetine düşünmegiň sebäbini tapýandyrys. Ýahudylar geljekki nesle öz imanlaryny geçirip bilmänlerinde, halk Hudaýyň ýolundan çykypdy; olar Hudaýy agtaryp, bu işde üstünlikli bolanlarynda, haçanda çagalaryna hut şeýle etmegi öwredenlerinde, Ysraýyl öňe tarap uly ädim ätýärdi.
Nesilleriniň Hudaýyň beren wadalarynyň ýerine ýetýändigine şatlanyp bilerleri ýaly, Hudaý Ybraýymyň çagalaryna Öz ýollarynda ýöremekligi öwretmegi tabşyrypdy. Ol wadalaryň iň beýigi şeýledi — Mesih bolan Ybraýymyň tohumy arkaly ýeriň bütin halklary pata alarlar.
Musa entek halkyň wada berlen ýurda girmezinden ozal oňa Kanuny yglan edende, ol halkyň Hudaýa hyzmat etmegini, Ony ýatdan çykarmazlygy we her kesiň öz çagasyna Onuň yzyna eýermeklige öwretmekligi tabşyrypdy.
Biziň ählimiziň ölüp, ornumyza täze nesliň geljekdiginde hiç hili syr ýokdur. Hudaý bizi Ony we Onuň ýollaryny çaga sadyklygy bilen tanamagymyz üçin ýaratdy. Şonuň üçin hem eger ata-eneler öz çagalaryny dogry terbiýeleseler, her bir täze nesil Hudaýyň söýgüsini tanar, imanda çalt öser we öňki nesilden has güýçli bolar, netijede bolsa, Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna ýakynlaşar.
Ýokarda getirilen Malakynyň sözlerinden biraz öňräki sözlerine gulak asalyň:
Gulum Musanyň Töwradyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.
Köne Äht öz gürrüňlerini bes edip, ony Hudaýa hyzmat etmegiň we Onuň yzyna eýermegiň wajyplygy bilen tamamlaýar. Indiki aýat bolsa Ysraýyla onuň geljegini aýan edýär.
Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.
Malaky öz halkynyň ünsüni Hudaýa hyzmat etmekligiň wajyplygyna çekýär, geljekki Mesih we Onuň ibereniniň çalt geljekdigi hakdaky habar bilen halky goldaýar. Bu hakda 6-njy aýatda giňişleýin habar berilýär:
Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enesine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp bütinleý ýok etmerin.
Şu ýerde Hudaýyň öz halkyna ýatladýan üç parzy hakynda gürrüň gidýär: Hudaýy söýmek, Onuň yzyna eýermek we halas bolmany Mesihde agtaryp, öz imanyňy çagalaryňa geçirmek. Bu parzlar Köne we Täze Ähtleriň arasyndaky uzynlygy 400 ýyl bolan köpri bolmak üçin niýetlenendirler we olardan has aýdyň näme bolup biler?
Bu düşündiriş Malakynyň soňky jemleýji sözleri babatda-da dogrudyr:
Jebraýyl perişde Ýahýa suwa çümdürijiniň kakasy bolan Zekerýa Malakynyň pygamberligini aýtmagy bilen, ýokarda getirilen aýatdaky soňky sözleri aýtman, olaryň deregine özünden (ýa-da Hudaýdan) söz goşýar:
Ol [Ýahýa] atalaryň ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbiň huzurynda Ylýasyň ruhy we gudraty bilen gezer.
Hudaý niýetiniň başyndan başlap ähli halklaryň Hudaýyň ýoluna eýermeklige dolanmaklaryny göz öňünde tutandygyna seretmezden, Köne Ähtde Onuň ünsi Ysraýyla gönükdirilendi. Şu sebäbe görä-de, çagalaryny Hudaýa gulak asmaklykda terbiýeläp, olaryň ýüreklerinde Hudaýa bolan söýgini ösdürmek her bir ýewreýiň borjudy. Täze Äht bizi çagalarymyzy Hudaýyň ýagşylyklarynda terbiýeläp, Hoş Habary her bir azaşan ýürege ýetirmegi tabşyrýar. Jebraýyl perişde arkaly Hudaýyň Hoş Habarynyň ýaýradylmagyndaky niýetiniň esasy düzgünlerini aýan edendigi aýdyň: «...
Hudaý bizi özümiziň ýaşaýşymyzdan, özümizden we öz neslimiziň mätäçliklerinden üstün bolan zatlar üçin ýaşamaklyga çagyrýar. Biz — Hudaýyň Öz Patyşalygyny gurmak beýik niýetiniň we günälilere Hoş Habary ýetirmegiň gatnaşyjylarydyrys. Ýewreýlere ýazylan hatyň awtory Ybraýymyň Hudaýa boýun bolandygy hakynda ýazýar, çünki Ybraýym Onuň wadalaryny tanapdy, ýöne ol şol wadalaryň ýerine ýetişini görmän dünýäden ötüpdi. Mesihiler hökmünde biziň esasy borjumyz, bahasynyň özümiz üçin näçe durýandygyna seretmezden, indiki nesli iman boýunça ýaşamak durmuşyna taýýarlamakdan ybaratdyr.
Biziň barlaýan Köne Ähtimiziň soňky sözleriniň şeýle düşündirilişi hakynda siz näme pikir edýärsiňiz? Ýaş nesli terbiýelemek bakyýet we Hudaýyň niýeti babatda
Hawa, gaty wajyp.
Täze Ähte geçmegimiz bilen, biz öňünde Hudaýa boýun bolmak we adamlara Hoş Habary ýetirmek bilen ýaraglanyp, Malaky bilen Ýahýa suwa çümdürijiniň arasyndaky köprä aýak basýandyrys. Emma mundan başga-da, biz munuň öz öňümizde duran meseläniň diňe ýarysydygyny ýadymyzda saklamalydyrys. Yzymyzdan gelýän nesle hut şeýle hereket etmegi öwretmek — onuň ikinji ýarysydyr.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Biz özümiziň esasy düzgünimize ýene we ýene gaýdyp gelýäris: «çagalary imanda terbiýelemek». Eger Mukaddes Kitap şol bir hakykaty edil biziň kellämize guýýan ýaly edip, hemişe gaýtalaýan bolsa, diýmek ol muny anyk maksat bilen edýändir — munuň Hudaý hem özümiz üçin, çagalarymyz we Onuň Patyşalygy üçin neneň wajypdygyny görkezmekdir. Eger siz öz çagalaryňyza Mukaddes Kitaby ulgamlaýyn öwretmäge başlamadyk bolsaňyz, eger olara Hudaý bilen şahsy gürrüňdeşlikde ösmeklige kömek etmeýän bolsaňyz we Onuň erkine gulak asyjylykda ýaşamaklygy öwretmeýän bolsaňyz ýa-da, özüňizi Hudaýyň käbir uly zada çagyrýandygyny duýýan bolsaňyz, onda bu kitaby birsalym çetde goýuň we dileg ediň. Özüňiz üçin wagt tapyp bilmäge kömek etmegi, böwetleri ýeňip geçmäge we hereket etmäge başlamaga ýardam bermegi üçin dileg ediň. Bir kagyz alyp, ertir näme etjekdigiňizi ýazyň, şeýle etseňiz, bu hem özüňiziň, hem-de maşgalaňyzyň bu ýol bilen öňe gitmegine kömek eder. Öz maksadyňyzyň uludygyna, ýoluňyzdaky oňaýsyzlyklara we özüňiziň kämil däldigiňize utanmaň. Hudaý
IKINJI BÖLÜM
Täze Äht:
Ýaşaýyş Kitabynyň düzgünleri boýunça terbiýelemegiň miweleri
39-njy bap
Suwa çümdürijiniň doglandygynyň şatlygy:
Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogaň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, onuň adyna Ýahýa dakarsyň. Sen şatlanarsyň, begenersiň, onuň dogulmagyna köp adamlar şatlanar...».
Iň soňky we iň beýik köne äht pygamberiniň doguljakdygyny Zekerýa habar beren Jebraýyl perişde ilki bilen bu çaganyň öz ata-enesi üçin şatlyk we begenç boljakdygyny wada berýär.
Hudaýdan gorkýan är-aýallar bolan Zekerýa bilen onuň aýalynyň çagalary ýokdy. Görnüşi ýaly, olaryň Hudaý tarapyndan saýlanmaklarynyň bir sebäbi — Hudaýyň olara pata bermek isländigi bolsa gerek, çünki olaryň ogul hakdaky dilegleriniň eşidilendigini Jebraýyl perişde ýörite belläp geçýär.
Zekerýanyň döwründe ruhanylaryň sany şeýle bir kändi welin, hatda Zekerýanyň şol gün ybadathanada ýerine ýetiren hyzmatyny etmäge olaryň her birinde diňe bir mümkinçilik bardy. Şol gün Zekerýanyň durmuşynda iň beýik gün boldy, çünki ol Ýahýanyň doguljakdygy barada pygamberlik etmek üçin Hudaý tarapynda saýlanypdy. Ybadathanada hyzmat etmek artykmaçlygyna köp ruhanylaryň eýe bolandyklaryna seretmezden, bize mälim bolan olaryň hiç birleri hem şeýle göklerden gelen perişde bilen duşuşyklary hakynda şaýatlyk etmediler. Hudaý Ýahýanyň doguljakdygy hakyndaky bildirişi diňe bir wajyp waka etmän, eýsem bu hakda Zekerýa habar bermegi üçin Özüniň perişdesini iberýär.
Perişde garry ruhana öz oglunyň doguljakdygyna köpleriň şatlanjakdyklaryny mälim edýär. Onsoň bu täzeligi eşidip, goňşulary we garyndaşlary Elizabetiň şatlygyny paýlaşandyklary hakynda Luka habar berýär.
Çaganyň dogulmagy hakdaky pygamberlik we onuň dogulmak ýagdaýynyň özi sekizinji gün ony sünnetläp, oňa at dakmak üçin ýygnanan dostlar we goňşular üçin täsin wakady. Biz Ýahýanyň çagalygy hakynda hiç zat bilmeýäris, ýöne Hudaýyň beren wadasy hakda bilýäris: ol özüniň kakasy we ejesi üçin «şatlyk we begenç» bolar. Şonuň üçin hem Ýahýanyň çagalygynyň öz ata-enesi üçin pata bolup, hiç haçan hem kynçylyklaryň çeşmesi bolmandygyna şübhelenmän bilýändiris.
Şeýle-de, ata-eneler özleriniň ulalýan çagalaryna seredenlerinde, olar üçin begenji duýanlarynda, çagalar öz ata-ene ýüreklerini şatlandyrýandyrlar. Ähli gatnaşyklarda Hudaýyň adamy we hemmeler tarapdan hormatly bolan Ýahýa beýik pygamber we Rebbiň gelmeginiň habarçysy boldy.
Emma Ýahýanyň ata-enesine iberilen pata dogrudanam olar üçin, diňe olar üçin niýetlenendimi? Belki-de, biziň çagalarymyzyň hem özümiz üçin şatlyk we begenç bolup bilýändikleri hakynda Mukaddes Kitap aýdýandyr? Siz öz çagaňyzyň dogulmagyna, onuň nädip ulalýandygyna syn edip, şatlanmak islemezdiňizmi? Onsoň onda Hudaýyň Patyşalygy üçin dünýäni özgertmäge ukyply bolan täsin adamy görmek islemezdiňizmi? Men siziň tassyklaýjy jogabyňyza ynamlydyryn.
Hudaýyň niýetine laýyklykda, çagalaryň terbiýesi ata-eneler üçin pata we çagalar olaryň şatlygy we begenji bolmalydyr. Emma munuň üçin edil terbiýeçiler hökmünde bizden Hudaýa gulak asyjy we Onuň terbiýeleýji düzgünlerine eýeriji bolmagymyz talap edilýändir. Hudaýyň hut Zekerýa bilen onuň aýalyny saýlamagy tötänlik däldir we olara wada berlen «şatlyk we begenç» hem ýöne ýere däldi — olaryň Hudaýdan gorkýan we dogry adamlar bolandyklary üçin Hudaý olary saýlady. Hudaýyň olary edil Ybraýym bilen Sarany ençeme ýyllaryň içinde taýýarlaýşy ýaly, olary hem bu işe taýýarlandygyna şübhe ýokdur.
Ruhany bolan Zekerýa Hudaýyň Sözüni oňat bilýärdi we şonuň üçin hem pata hökmünde kabul eden perişdäniň getiren habarynda ol ogluny terbiýelemek boýunça Hudaýyň maslahatlaryny tanaman bilmedi. Ine, çaganyň öz ata-enesi üçin «şatlyk we begenç» bolýandygy hakynda Köne Äht näme diýýär:
...akyldar ogul atasyny şatlandyrýandyr; akylsyz ogul bolsa enesine gaýgydyr.
Oglum, seniň ýüregiň hikmetli bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar. Seniň dodaklaryň dogry zatlar sözlände meniň kalbym hem guwanar.
Dogry adamyň atasy biçak begener, akyldary dünýä inderen oňa guwanar. Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin.
Ogluňy tebiýele, ynjalyk taparsyň, janyňa lezzet bolar.
Biz öz terbiýämiz bilen çagalarymyzy Hudaýyň ýoluna ugrukdyranymyzda, diňe şonda patalanan şatlyk we begenç gelýändir. Adatça çagalar özleriniň terbiýesine, nähili öwredilendiklerine laýyklykda ýaşaýandyrlar. Eger siz çagalaryňyzy gulak asmaklyga öwretseňiz, gulak asyjy çagalar bilen patalanarsyňyz; eger siz çagalaryňyza töwerekdäkiler bilen dogry gatnaşyk etmäge öwretseňiz, onda parahatlyk we işdeşlik siziň öýüňiziň patasy bolar. Çagalaryňyza zähmet çekmegi öwrediň we islendik işde täsin kömekçileri alarsyňyz. Çagalaryňyza Hudaýy agtarmagy we Onuň yzyna eýermegi öwrediň. Hudaýy hormatlaýan dogry çagalaryň ata-enesi bolman patasyna eýe bolarsyňyz. Çagalaryňyza Hudaýa ýüz tutup, Onuň akyldarlygyny dilemegi öwrediň we siziň pataňyz bolan çagalaryňyz hemişe dogry saýlaw ederler, bu bolsa, öz gezeginde, size şatlyk we begenç getirer.
Elbetde, öz ata-eneleriniň maslahatlaryny inkär edýän çagalar hem bardyr. Muňa seretmezden, şeýle çagalaryň köpleri ýa-da özleriniň öwredilenlerine, ýa-da özleriniň maksatnamalaryna dolanarlar.
Meniň pikirimçe, Ýahýanyň hem özüne, hem-de aýalyna şatlyk getirjekdigini Zekerýa bilýärdi, çünki onuň ata-enesi bolan olar ogluna nädip «şatlyk we begenç» bolmalydygyny öwretmelidiler, ýagny onuň Hudaýyň erkini ýerine ýetireri ýaly, ony Hudaýyň Sözi bilen tanyş etmelidiler, Onuň düzgünlerini düşündirmelidiler, oňa tertip-düzgüni öwretmelidiler.
Ýahýanyň ata-enesi onuň özleri üçin «şatlyk we begenç» bolmalydygy hakynda oňa aýtdylarmyka? Bu sözler bilen olar Ýahýany goldap, dogry ýola ugrukdyrdylarmyka? Siziň öwgiňiz, oňat ýerine ýetirilen işi üçin magtamagyňyz, ogluňyz ýa-da gyzyňyz üçin gaty begenýändigiňiz terbiýe işiňizde gaty peýdaly we güýçli serişde bolup bilýändir.
Şeýle wadany size ýetirmek üçin, öýüňiziň gapysynyň bosagasynda perişde aýan bolmasa gerek, emma Zekerýanyň ulanan Mukaddes Kitap düzgünleri siziň ygtyýaryňyzdadyr.
Çagalaryňyzyň özüňiz üçin neneň uly pata bolýandyklary, olaryň ýöne bardyklary üçin olary neneň güýçli söýýändigiňiz hakynda mümkin boldugyndan ýygy-ýygydan olara aýdyň. Minnetdar ata-ene sylag hökmünde bagtly çagany alýandyr!
Ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Aşakda birnäçe maslahatlar getirilendir. Bu maslahatlara eýerip, siz özüňiz üçin öz çagalaryňyzda «şatlygyň we begenjiň» çeşmesini açyp bilersiňiz we çagalaryňyzyň hem hemmeler üçin şeýle bolmaklaryna kömek edip bilersiňiz.
1. Öz şatlygyňyzyň esasy sebäbiniň öz çagalaryňyzdygyny we olary söýýändigiňizi ýadyňyzda saklaň.
2. Ähli zatlardan başga-da, siz ata-ene hökmünde çagalaryňyzyň özüňize nädip hakyky şatlygy getirip bilýändiklerine kömek edip bilýändigiňizi olara düşündiriň. Olar öz maksatlaryna düşünmelidirler — siziň üçin pata bolmaklyk we ony hemişe ýerine ýetirmäge synanyşmalydyrlar. Çagalaryňyz otaga girenlerinde, adamlar patanyň gelýändigini görmelidirler — otaga mähirli, şepagatly, alada ediji, akylly, şadyýan çaga girýändir.
3. Çagalaryňyz her gezek özüňizi ýa-da töwerekdäkileri şatlandyranlarynda ýa-da begendirenlerinde, olary öwüň we goldaň.
40-njy bap
Merýem bilen Jebraýyl perişdäniň gürrüňi:
Çaganyň dogulmagy — haçanda perişde öz alnynda peýda bolup, özüniň adatdan daşary ýagdaýda göwreli boljakdygy hakyndaky habary getireninde, Merýem bu hakda asla pikir etmändi. Görnüşi ýaly, şol wagt Merýem entek gaty ýaş gyz bolupdyr: özüniň adaglanandygyna seretmezden, onuň üçin nika gaty uzakdaky iş ýaly görünýärdi.
Haçanda Jebraýyl perişde Merýemden çaganyň doguljakdygy hakynda habary ýetirende, Merýemiň agzyndan täsin sözler çykdy:
Özüniň ýahudy terbiýesine görä, Merýem Jebraýyl perişdäniň Mesihiň dogulmagy hakynda gürrüň edýändigine düşünip bilýärdi. Şol döwürlerde ýahudy jemgyýetinde gyzlar her biriniň Mesihiň enesi bolup biljekdigi hakyndaky taglymat astynda terbiýelenipdiler. Merýem hem edil şol gyzlaryň biri hökmünde Mukaddes Kitabyň Mesihiň doguljakdygy we Köne Ähtiň beýik adamlarynyň dogulmagynyň käbir aýratynlyklary hakynda bilmän bilmezdi. Perişdäniň peýda bolmagy Merýem üçin adaty bolmadyk çaganyň doguljakdygynyň alamaty bolan bolsa gerek.
Merýem üçin ikinji nyşan Jebraýyl perişdäniň «Hudaý seniň bilen» diýen sözleri boldy. Ony Merýem Işaýanyň pygamberligi bilen baglanyşdyryp bilerdi. Işaýa Mesihe «Emmanuýel», ýagny «Hudaý biziň bilen» diýen adynyň dakyljakdygy hakynda welilik edipdi.
Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer: Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, onuň adyna Imanuwel dakar.
Perişdäniň getiren habaryna Merýemiň jogaby onuň Köne Ähtiň eneleriniň tejribesi hakynda bilendigi bilen düşündirilmegi mümkindir:
Merem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Perişde onuň ýanyndan gitdi.
Merýemden has öňräk şu «gyrnak» sözi bilen Hanna özüni atlandyrypdy. Merýemiň boýnyburuklylygy we Hudaýyň erkini ýerine ýetirmäge taýynlygy hakynda onuň ýekeje-de sorag bermän, ýekeje-de garşylyk görkezmändigi şaýatlyk edýär. Bu diýmeklik, Mukaddes Kitapdan alan ähli bilimleriniň onuň ýüreginiň töründe berk ornaşandygyny aňladýar. Merýem: «Emma men muny ata-eneme we Ýusuba nädip düşündirerin?» diýip soramady; bu sebäpli Ýusuby ýitirip biljekdigi ýa-da hatda zynada aýyplanyp, daşlanyp öldürilmeginiň mümkindigi hakynda-da şikaýat etmedi. Özüniň şeýle ýaşdygy, gyzlyk döwründen wagtyndan öň jyda düşýändigi, şeýle çynlakaý jogapkärçiligi öz üstüne almaga asla güýjüniň ýetmezçilik edýändigi hakynda Merýemiň agzyndan ýekeje-de arz ediji söz çykmady.
Özüniň soňky sözleri bilen Jebraýyl perişde peýda bolup biljek islendik jedelleri kesdi we Merýeme özüni nämä öwredendiklerini ýatlatdy:
Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur.
Bu sözler diňe bir ärsiz çagaly bolup bolarmy diýen soraga jogap bermän, eýsem Sara hakynda hem ýatlatdy. Öz ýaşynda çaga dogrup biljekdigine ynanman, Sara gülüpdi we jogap deregine:
Saranyň taryhy Hudaýyň wada berenini hemişe ýerine ýetirýändigine Merýemi ynandyrypdy. Saranyň, Rebekanyň, Raheliň we Hannanyň tejribesi arkaly wagt hakda Hudaýyň biziň düşünjämize gabat gelmeýän düşünjesiniň bardygy görkezilipdi. Biz bolsa Onuň oňat işleriniň iň amatly wagtynda amala aşjakdygyna bütinleý ynanmalydyrys.
Köne Äht Merýemi Hudaýa ynanmaga öwretdi: ol öz maşgalasy we çagalary üçin nämäniň oňatdygyny Gudratygüýçliniň bilýändigini bilýärdi. Muňa çagalarynyň dogulmagy hem girýändir. Ol özüni bütinleý, özüniň ähli meýilnamalaryny, öz durmuşyny we çagalarynyň durmuşlaryny Hudaýyň alada ediji we berk ellerine tabşyrypdy.
Toý naharyndan soň men aýalym bilen bir-birimiziň elimizden tutup, Hudaýyň Özüniň bellän wagty bize çaga bermegi hakynda dileg etdik. Biziň dilegimizi Hudaýyň eşidendigine biz ynamlydyk we her ýyl toý eden günümiziň senesinde çagalarymyz hakynda Hudaýa dileg etmek kararyny kabul etdik.
Biziň nika guranymyzyň dördünji ýylynda biz ýene-de bu tema gaýdyp geldik, galyberse-de, biziň ikimiz hem (bir-birimiz bilen gürrüň etmän) wagtyň gelendigini duýduk we dokuz aý töweregi wagtdan soň biziň ilkinji çagamyz doguldy. Şeýdip biz umyt etmegi, her bir çagamyz hakda Hudaýa dileg edip, Onuň bilen gürleşmegimizi dowam etdirdik. Onsoň ýene üç gezek toý gününi belledik (dürli wagtlarda) we her gezek ýene-de wagtyň golaýlandygyny ikimiz hem bildik.
Çagalarymyzyň dogulmaklary, olaryň bir-birleriniň yzlaryndan gelmek tertibi we hatda her bir çaganyň jynsy hakda aýdanymyzda (bu agzalanlaryň her biri hakda biz aýratyn dileg edip, ony Hudaýyň eline tabşyrdyk), bary Hudaýyň erki bilen biziň maşgalamyz üçin täsin edilip gurnalandy.
Durmuşymyzyň her bir tarapynda Hudaýyň erkini ýerine ýetirmegimiz üçin biz çagalarymyzyň dogulmagy, olaryň jynsy we sany babatda her bir ýagdaýy dilegde doly iman bilen Oňa getirmelidiris. Biziň kararlarymyzyň netijeleri diňe Oňa mälimdir, biziň geljegimize, şeýle-de öz ýakynlarymyzyň geljeklerine we baky durmuşlaryna olaryň nähili täsir edýändigini diňe Ol bilýändir. Biz diňe ýaşaýyş akyldarlygyndan ugur alyp, çagalara durmuş bermegi (ýa-da bermezligi) çözüp bilmeýändiris.
Hawa, Hudaý bizi akylly görmek isleýär, emma biziň akyldarlygymyz Onuň erkine tabyn bolmalydyr. Eger maşgalany meýilleşdirmek kynçylygyny akyldarlyk bilen çözüp, «Toýdan soň dessine çaga edinmäň»; «Belli bir wagt aralygy bolman durup, çagalaryňyzyň bir-birleriniň yzlaryndan dogulmaklaryna ýol bermäň»; «Özüňiziň üpjün edip, terbiýeläp biljegiňizden artyk çaga edinmäň» diýen käbir akylly maslahatlara gulak asmak ýaman däl. Merýem bilen onuň halypalarynyň mysalynda biz özümiziň adamzat akyldarlygymyza edil kömek ediji serişde kimin bil baglamagy öwrenýäris. Soňy bilen bolsa biz bu akyldarlygy Hudaýa we Onuň erkine tabyn bolmaga getirmelidiris.
Hudaýyň beýikdigini we her çaga bolan Onuň söýgüsiniň biziň ähli akyldarlygymyzdan-da beýikdigini ýadymyzda saklamalydyrys. Ol «tötänlik» diýlip atlandyrylýanlary öňünden görmä öwürýär. Hudaý bizde Özüniň arkadaşlaryny görmek isleýär, emma eger biz Onuň erkine laýyklykda hereket etsek, biziň özümiz üçin oňat bolar. Öz diýenimiz boýunça hereket edip, biz töwerekdäkilere agyry ýetirýäris, soňundanam bolsa baryny özümiz üçin Hudaýyň aýyrmagyny isleýäris.
Çagalaryňyzyň dogulmak wagty we olaryň jynslary baradaky meseläni Hudaýyň eline tabşyrmak isleýärsiňizmi? Eger hawa bolsa, onda sizden ilki bilen Onuň mizemez hakykatyna tabyn bolmagyňyz talap edilýändir. Mysal üçin, hiç bir çaga nikadan öň dogulmaly däldir. Nikadan öňki jynsy gatnaşyklara ýol berip, siz özüňiziň we öz çagalaryňyzyň geljegi baradaky Hudaýyň niýetlerini bozmaga aýak basýansyňyz. Saklanyň! Eger kimdir biri sizi güýçli söýýändigini, Hudaýy söýýändigini aýdyp, siziň bilen nikadan öň jynsy gatnaşyga girmek isleýän bolsa, iş ýüzünde onuň hereketleri onuň ne sizi, ne-de Hudaýy söýýändigini subut edýändir. Mukaddes Kitap şu üç nukdaýnazary berk görkezýär: eger siz Hudaýy söýýän bolsaňyz, onda edil Onuň tabşyryşy ýaly hereket edersiňiz; eger siz adamlary söýýän bolsaňyz, onda olaryň isleglerini ýerine ýetirersiňiz; nikadan öňki jynsy gatnaşyk Hudaýyň erkine garşy çykyp, adamlaryň ýüreklerinde we durmuşlarynda bitertipligi döredýändir. Munuň yzysüre, eger siz Hudaýy söýýän bolsaňyz, Oňa tabyn bolýansyňyz, eger-de siz öz söýgüliňizi söýýän bolsaňyz, onda oňa ýagşylyk isleýänsiňiz — ine, näme üçin hakyky söýgi nikadan öňki jynsy gatnaşyk bilen laýyk gelýän däldir.
Siz nika guranyňyzda, bütin maşgalaňyzy Hudaýyň eline dileg bilen tabşyrmak wajypdyr. Är-aýallar öz pikirlerinde we çözgütlerinde bir bolmalydyrlar. Mukaddes Kitaba laýyklykda, Hudaý islendik bir çaganyň dogulmagyny meýilleşdirende, Ol ata-eneleriň ikisini-de maslahata çagyrýardy. Çaganyň dogulmagyny ýanýoldaşyň ylalaşygy bolman meýilleşdirmek dogry däldir we onuň netijeleri erbet bolmagy mümkindir. Nika gurmaga meýillenen çatynjalar bu sorag hakynda nikadan öň gürleşmelidirler.
Maşgalaňyzdaky ýagdaýyň nähilidigine, özüňizi Hudaýyň nirä çagyrýandygyna seretmezden, Merýemiň taryhy hakda gürrüň berýän islendik baba ýüz tutuň we onuň mysalyna eýeriň: bütinleý Hudaýa bil baglaň we Onuň kömegini diläň. Eger durmuşyňyzda bary bolmalysy ýaly bolman, eger bar pikirleriňiz diňe öz islegleriňiziň daşynda aýlanýan bolsa, eger size entek gaty ir ýa-da giç, ýa-da gaty agyr diýen ýaly şübheler gün bermeýän bolsa, onda Merýemi ýadyňyza salyň. Ol ýer ýüzünde ýaşan aýallaryň iň hormatlysydyr, onuň tanymallyga bolan ýoly bolsa şu ýönekeý sözlerden başlapdy:
Hudaý sizi söýýär we şonuň üçin hem aýdyp bolmajak akyldarlyk bilen siziň ähli islegleriňizi we talaplaryňyzy kanagatlandyrýar. Ol siziň häzirki we geljekki durmuşyňyzdaky ähli ýollaryňyzda pataly bolmagyňyzy isleýändir. OŇA BIL BAGLAŇ!
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Elbetde, bütinleý Hudaý erkine ynanyp, Onuň niýetlerine eýermek dogrudyr, emma çaga siziň lapykeçligiňize laýyklykda doglan hem bolsa ýa-da, tersine, siziň üçin garaşylmadyk sowgat bolan bolsa, onda onuň Hudaý üçin garaşylmadyk sowgat bolmandygyny bilip goýuň. Göwrede dörän wagty bireýýäm oňa jan berip, oňa ýaşaýyş we geljek beripdi, Hudaý onuň ýanyndady (Zebur 139 seret). Hudaýyň ynamdardygyna, Onuň hem özüňizi, hem-de çagaňyzy söýýändigine şübhelenmäň. Ol size hökman kömek eder. Gyzyl deňzi ikä bölen we suwy şeraba öwren Hudaýyň «garaşylmadyk sowgady» pata öwrüp biljekdigine şübhe ýokdur. Oňa bil baglaň!
41-nji bap
Ýusup we Isa:
Mukaddes taryhlaryň köpüsiniň merkezinde hemişe Merýem bilen çaga Isa bardyr. Emma Hudaýyň niýetinde wajyp roly oýnan ýene bir üçünji gatnaşyjy hem bar ahyryn. Bu — Ýusup we onuň durmuşy häzirki döwrüň atalary üçin täsin mysal bolup bilýändir.
Her bir dogruçyl ýahudy ýaly, Ýusup hem öýlenip, çaga edinmek isleýärdi. Merýemiň göwrelidigi hakyndaky täzeligi eşidip, onuň näme duýandygyny göz öňüne getirip bolýandyr. Hatda Merýeme ynananyndan soň hem ol gaty çylşyrymly çözgüdiň alnynda durdy: ony aýaly diýip atlandyrmak bilen, ol özüniň çaganyň kakasydygyny boýun alyp, öz abraýyny ýitirmeli bolardy; Merýemi inkär edip, ol iň oňady — ony maşgara edip, galan bütin ömür nikasyz durmuşa sezewar ederdi, iň erbedi bolsa — Merýemi daşlap öldürerdiler...
Görnüşi ýaly, ahyrsoňy Ýusup Merýemiň gürrüňlerine ynanýar ýa-da onuň gürrüňleriniň dogrudygyny onuň garyndaşy bolan Elizabetden eşidýär (Elizabetiň aýdyşyna görä, çaga Mukaddes Ruhdan doglup, Mesih bolar). Käbir düşündirijileriň pikirlerine görä, Ýusup özüniň täze roluna — Mesihiň öweý atasy we Onuň ejesiniň äri bolmaga gaty utanýardy we özüniň muňa mynasypdygyna ynamly däldi. Eger şu wakadan öň Merýem bilen özüniň nikasy onuň üçin adaty ýagdaý bolan bolsa, indi bolsa ol has täze mana eýedi: ol Hudaýyň erkiniň we Onuň niýetiniň amala aşmagyna gatnaşmalydy.
Şol wagtlar adaglanmany bozmaklyk şu döwürdäki nikany bozmaklyga barabardy. Ýusup töwekgellik etmezligi çözýär we jemgyýetiň ünsüni özüne çekmän, ýuwaşlyk bilen adaglanmany bozmak isleýär.
Emma şu ýerde perişde peýda bolup, çaganyň dogrudanam Mukaddes Ruh tarapyndan dörändigini tassyklaýar. Ol Ýusuby Merýemi öz aýaly hökmünde öýüne alyp barmakdan gorkmazlyga yrýar. Ýusubyň gorkusynyň näme bolandygyna seretmezden, hakykatyň açylyp, özi hakda we bu işdäki özüniň roly hakda Hudaýyň erkiniň aýan bolanynda, ol hiç bir şertsiz dessine tabyn boldy.
Indi Ýusup bir zady anyk bilýärdi — Hudaý ony, ýagny Ýusuby Mesihiň ýerdäki atasy bolmak üçin saýlapdy. Gadymy ýewreý däbine laýyklykda, kabul edilen ogul kanun we ahlak tarapdan esasy ogluň ähli hukuklaryna eýedi. Islendik ýahudy hemişe ilkinji çaga hökmünde ogluň dogulmagyna garaşýardy, çünki oňa ýewreý maşgalasyndaky dini we jemgyýetçilik durmuşda wajyp orun berilýärdi. Muňa seretmezden, Ýusup özüniň ähli arzuwlaryny we geljekdäki maşgalany gurmaklygyň umytlaryny bir çete çykaryp, Isany özüniň nowbahar ogly hökmünde kabul etdi. Ýusup Hudaýyň Ogluny öz ogly hökmünde boýun aldy we hemişe-de oňa edil öz ogly kimin seretdi. Hudaýyň Sözi bize edil şeýle ýagdaýda Isanyň ölümi arkaly Oňa iman edenleriň baryny Hudaýyň Öz maşgalasyna kabul edýändigini we ol adamyň Hudaýyň deň hukukly ogly we gyzy bolýandygyny açýar.
Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly, Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady. Ogullardygyňyz üçin hem Hudaý Öz Oglunyň, «Abba, Ata!» diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi.
Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň, onda Isa Mesih arkaly Hudaýyň hem mirasçysysyň.
Hudaý tarapdan ogullyga alnan her kes hakyky ogluň hukugyna eýe bolýar. Ähli mesihileriň Mesihde mirasdarlar bolýandyklary hakynda Mukaddes Kitap gürrüň berýär. Hudaýyň maşgalasynda ikinji derejeli çagalar ýokdur. Ýusubyň beýleki ogullarynyň bolandygyna seretmezden, Isa, sözüň doly manysynda, onuň nowbahar ogly bolmagyna galdy.
Şu gün garyşyk maşgalalar (ata-eneleriň biriniň öweý bolan maşgalalary) gaty giňden ýaýran ýagdaý boldy we olarda söýgini we ýagşyniýetliligi saklamaga diňe bir zat — hakyky çagalaryňa we kabul edilen çagalaryňa deň derejede söýgi we alada bilen gatnaşyk etmek düzgüni kömek edýändir. Hudaýda birinji we ikinji derejeliler ýokdur we bizde-de bolmaly däldir.
Biziň aňymyz ähli çagalaryň deňdigi hakyndaky pikire gaty güýçli garşylyk görkezýändir. Biz munuň, ýagny özge çagalary özüňki kimin kabul edip, olara özüňkilere bolşy ýaly gatnaşyk etmegiň mümkindigi bilen asla ylalaşyp bilmeýäris. Biziň öz çagalarymyz özlerini kemsidilen duýmazlarmyka? Elbetde, ýok! Biziň çagalarymyz özleriniň biziňkidiklerini, biziň bolsa olary söýýändigimizi bilýändirler we beýlekilere-de edil şunuň ýaly söýginiň berilmegi olardan biziň söýgimizi aýryp bilmeýändir. Ähli çagalara bolan deň söýgi doganlaryň arasynda gabanjaňlygy döretmeýändir, faworitizm, ýagny söýülýänjeleriň bolmagy bolsa, hökman muňa getirer. Hakykatda bolsa, biz şeýle deň söýgini görkezmegimiz bilen, Hudaýyň öz maşgalasyna kabul eden çagalarynyň biri bolmaklygyň neneň beýik hormatdygyna ähli çagalarymyzyň düşünmeklerine kömek edýändiris.
Meniň doganym öýlenmäge niýet edende, çylşyrymly içki kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy we onuň ol kynçylygy nädip ýeňendigi meniň oňa bolan buýsanjymy artdyrdy. Onuň söýgülisiniň iki sany täsin ogly bardy we doganym bu nikany gurmazyndan ozal uzak wagtlap ýagdaýy jikme-jik öwrenmeli boldy. Bu ädim oňa ýeňillik bilen berilmedi, çünki ol bu oglanlar üçin öz üstüne jogapkärçiligi alýandygyna, ömrüniň ahyryna çenli olary öz çagalary kimin söýmeklige borçludygyna düşünýärdi.
Men doganyma guwandym, çünki öýlenmek kararyny kabul etmegi bilen ol diňe şahsy höweslerine daýanmady — çünki ol şeýle bolaýanynda, özüniň özge çagalar hakda alada edip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi hakda asla oýlanmazdy ahyryn. Ol ahyrsoňy öz saýlawyny edende, öz öýüne aýalyny we onuň iki çagasyny getirýändigini anyk bilýärdi. Oglanlaryň özleriniň kakasy bilen duşuşýandyklaryny, hatda meniň doganyma kaka diýmeýändiklerini bellemek gerekdir, emma muňa seretmezden, doganym olara edil öz çagalaryna bolşy kimin seredýär.
Üns beriň: Hudaý perişdäni ilki bilen Ýusubyň ýanyna ibermedi. Hudaý onuň ýagdaýy oýlanmagyna we ähli mümkinçilikleri ölçäp görmegine wagt berdi. Elbetde, bu ýagdaýlaryň öz durmuşyny güýçli özgertjekdigini Ýusup bilýärdi, emma onuň Hudaýa bolan gulak asyjylygy onuň köp içki göreşlerden soň dogry karary kabul edendiginde beýan edildi. Bu perişdäniň Ýusupdan özüniň etmeli işini ýerine ýetirmegini talap edenindäki pursat bilen tassyklanylýar. Ýusup bolsa sesini çykarman ylalaşýar, öz durmuş isleglerinden we meýilnamalaryndan elini çekýär, Hudaýyň Ogluny edil öz ogly hökmünde kabul edýär.
Hudaý siziň maşgalaňyzdaky her bir çagany söýýär we siziň hem dogry hereket etmegiňizi isleýär: olaryň baryny öz teniňiz we ganyňyz kimin deň derejede söýüň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Kabul edilen çagalary terbiýelemek — dilegi we özüňiň ata-ene hökmündäki borçnamalaryňa bolan çynlakaý gatnaşyklary talap edýändir. Siz ýeňillik bilen öz çagalaryňyzdaky miras alnan hem oňat, hem-de erbet gylyklary dessine görýänsiňiz we olaryň niredendiklerine oňat düşünýärsiňiz. Elbetde, kabul edilen çagalar bilen bary çylşyrymlydyr — olaryň ol ýa-da beýleki hereketleriniň sebäplerine düşünmek gaty ýeňil bolup bilmez. Ýöne bu sizi ähli çagalaryňyza deň derejede söýgi we hormat bilen gatnaşyk etmek borçnamaňyzdan azat edýän däldir. Eger munuň özüňiz üçin elýeter däldigini duýýan bolsaňyz, olara Ýusubyň gözleri bilen seretmäge çalşyň we siz olarda Hudaýyň öz aladaňyza tabşyran täsin sylagyny görersiňiz.
42-nji bap
Merýem bilen Ýusubyň wepalylygy:
Ýusup ukudan oýananyndan soň, Rebbiň perişdesiniň tabşyryşy ýaly, aýalyny aldy.
Özi hakda geljekki nika bilen bagly bolan Hudaýyň erkini bilip, Ýusup özüne Jebraýyl perişdäniň aýdyşy ýaly hereket etdi.
Merýemiň entek Ýusuba durmuşa çykman, heniz adagly bolan wagtynda Hudaý Merýemiň ýanyna gelýär. Mälim bolşy ýaly, Öz niýetlerini amala aşyrmak üçin Hudaý hemişe iň oňaýly wagty saýlaýandyr. Hudaý Merýem bilen Ýusubyň är-aýal bolup, bilelikde Isany terbiýelemeklerini we ömürleriniň ahyryna çenli aýrylmazlygy, ýagny Hudaýyň başdaky oýlan är-aýal gatnaşyklarynyň mysaly bolmaklaryny tabşyrdy.
Öz durmuş ýollarynda olara duş gelen kynçylyklara we betbagtçylyklara seretmezden, Merýem bilen Ýusup dogry ugurdan çykmadylar. Emma olar muny diňe bir Mesihi terbiýelemek ýumşuny Hudaýdan alandyklary üçin däl-de, eýsem nika babatda Hudaýyň erkine bütinleý eýerendikleri üçin hem etdiler.
Biraz öňräk biz Hudaýyň öz habaryny Köne Äht döwründen Täze Äht döwrüne geçirmekde ulanan iki pygamber — Malaky we Ýahýa hakda gürrüň edipdik. Bu iki pygamberleriň arasynda umumy zat az däl we ilki bilen muňa är-aýal durmuşy babatdaky ähtler baradaky taglymatlar girýändir.
Edil Ýahýa ýaly, Malaky hem nika bagynyň üzülmezekliginiň «Tä ölüm aýyrýança, bilelikde bolmak» düzgünini yglan etdi. Hirodesiň öz doganynyň aýalyna öýlenmek niýetini gös-göni paş edenligi üçin Ýahýa kellesinden dynmaly boldy, Malaky bolsa başga aýallaryň gözleginde öz aýallaryny taşlaýanlary paş etmäge ýadamandy. Näme üçin Hudaýyň şeýle hereketi höküm edýändigi hakynda alada etmek ýerliklidir.
«Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen öz aýalyňa dönüklik etdiň. Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin kalbyňyza ser salyň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.
Häzirki özüň hakda alada ediji medeniýet bize diňe özüň we öz töweregiňdäkiler hakdaky pikirlere çümmegi teklip edýär. Emma Hudaý bizi edil Merýem bilen Ýusuby çagyryşy ýaly, biziň adaty pikirlerimizden daşa çykýan Özüniň erkine üns bermegimizi isleýär. Onuň bu erki Özi üçin ýakymly bolan nesli biziň terbiýelemegimiz hakda gürrüň berýär. Biz bu meseläni diňe Hudaýyň öz çagalarymyz bilen bakyýetde bolmak isleýändigi üçin däl-de, eýsem Onuň Ýygnagynyň berkemegi we giňelmegi, Hoş Habaryň geljekki nesle-de wagyz edilmekligi üçin çözmeklige borçludyrys.
Resul Pawlus özüniň Korintoslylara ýazan ikinji hatynda mesihileriň özleriniň hususy gyzyklanmalaryny ikinji orunda tutup, Hudaýyň Patyşalygyny gurmaklygy öz durmuşyndan ileri tutmagy nesihat berýär. Şeýle gurluşygyň iň möhüm bölegi bolsa, hut dogry maşgala durmuşyny gurmaklykdyr.
Çünki iman etmedik är imanly aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmedik aýal hem imanly är arkaly mukaddes edilendir, ýogsa, çagalaryňyz hapa bolardy, ýöne häzir mukaddesdir.
Malakynyň aýdan sözlerini ýadynda saklap, Pawlus maşgala gatnaşyklaryndaky kynçylyklara seretmezden, ýaş nesliň terbiýesiniň Mukaddes Kitap parzlarynyň ruhunda alnyp barylmagyna höwes bilen syn etmeklerine mesihileri çagyrýar.
Ysraýyl halkynyň ýüreginiň gataldylandygy zerarly Köne Äht aýrylyşmaga rugsat beripdi (Matta 19:8). Emma biziň Isa Mesih bilen edil Halasgärimiz hökmündäki duşuşygymyzdan soň Mukaddes Ruhuň biziň ýüreklerimizi ýumşadyp, olary Hudaýyň erkini bütinleý ýerine ýetirmäge taýyn edýändigi hakynda Mukaddes Kitap öwredýär (Hezekiýel 36:26–27 seret). Biziň bu dünýä üçin duz we yşyk bolmagymyz, şeýle-de, Reb bilen ylalaşykda ýaşamagyň mysaly bolmagymyz Hudaýa ýaraýandyr (Matta 5:13–16 seret). Isa şeýle diýipdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34–35). Emma eger biz nika bozulmaklygynyň ösüşi boýunça Isadan gaty daş bolanlardan yza galýan bolsak, onda biz nädip bütin durmuşymyz bilen Hudaýyň söýgüsini görkezip bileris? Eger şol bir wagtyň özünde biz ärimiz ýa-da aýalymyz bilen sögüşip, bir-birimize gygyryşýan bolsak, onda nädip çagalara Hudaýyň söýgüdigi hakynda gürrüň berip bilýändiris?
Belki-de, nika baradaky parza biperwaý seretmekligiň mesihileri öz çagalarynyň gözleriniň alnynda bolşy ýaly, dünýäniň öňünde hem abraýdan gaçyrýanlygy we Hoş Habaryň ýaýramagyna päsgel berýänligi sebäpli, hut şu iki pygamberi Hudaý nika bagynyň üzülmezekliginiň goragyna çagyrypdyr. Biziň imanymyzyň nikanyň bozulmaklygy ýaly elhenç ýagdaý bilen nädip ylalaşyp bilýändigine çagalarymyz düşünip bilmeýärler. Hawa, olar käte-käte şeýle ýagdaýlaryň şaýatlary bolýandyrlar. Isa Mesihe iman etmeýän töwerekdäki adamlar mesihi bolan we mesihi bolmadyk maşgala durmuşyny tapawutlandyrmaýarlar, çünki mesihi är-aýallaryň aralaryndaky çuňňur söýgini görüp bilmeýärler.
Nikanyň diňe bir şahsy bagt üçin däl-de, eýsem Hudaýyň Patyşalygynyň ýakynlaşmagy üçin hem hyzmat ederi ýaly, Hudaý biziň ýüreklerimizi ýumşatmak isleýär, söýmeklige we söýgüde ösmeklige öwretmek isleýär.
Biziň ählimiziň hem ýalňyşýandygymyz syr däl we Hudaýyň bizi bagyşlap, öňe eltýändigi üçin Oňa minnetdardyrys. Emma eger är-aýallaryň aralarynda düşünmesizligiň uçudy peýda bolýan bolsa, onda ýagdaýy düzetmeklik hiç haçan hem giç däldir. Nika howp abananda, biziň ýüzlenmäge Birimiz bardyr. Men siziň doktor Emerson Eggerihsiň
Merýem bilen Ýusup öz nikalaryna Hudaýyň Patyşalygynyň gurnalyşy tarapdan seredipdiler, şonuň üçin hem näme bolsa-da, öz nikalaryna bolan wepalylygy saklamak antlaryna, bilelikde zähmet çekmeklik we çagalary terbiýelemeklik çözgütlerinden doludylar. Geliň, biz hem edil Ýygnagyň agzalary hökmünde, olaryň täsin mysallaryna eýereliň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Özüniň kitabynda doktor Eggerihs näme üçin Mukaddes Kitabyň ärleriň öz aýallaryny söýmelidiklerini, aýallaryň bolsa öz ärlerini hormatlamalydyklaryny tabşyrýandygyny düşündirýär. Bar gürrüň ärleriň hormata mätäçdiklerindedir, aýallaryň bolsa söýgi hakda arzuw edýändiklerindedir. Eger siziň nikaňyz başa baran hem bolsa, bu kitap ony ýene-de berkider. Emma siziň gatnaşyklaryňyzyň nähili bolýandyklaryna seretmezden, men size bu kitaby edil ata-ene hökmünde okamagy maslahat berýärin. Siziň ogluňyz aýaly söýmegi, gyzyňyz bolsa erkege hormat goýmagy öwrenmelidir. Haçan hem bolsa bir wagt siziň ogluňyz hormata, gyzyňyz bolsa söýgä mätäç bolanda, siz özüňiziň akylly ata-ene gatnaşygyňyz bilen olaryň her biriniň şahsy talaplaryny kanagatlandyryp, olara kömek edip bilersiňiz.
43-nji bap
Iýerusalim ybadathanasynda Isanyň Hudaýa bagyş edilişi:
Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezdan öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar. Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr.
Ýahudy kanunyny ýerine ýetirmek üçin Çaganyň doglanynyň sekizinji güni Ony sünnetläp, adyna Isa dakypdylar.
Erkek jynsly çaganyň doglanyndan otuz gün geçen soň, ony ybadathana getirip, Hudaýa bagyş etmekligi kanun talap edýärdi. Isanyň doglanyndan kyrk gün geçen soň, Merýem hem çile döwri tamam bolanda, ybadathana arassalanmak üçin gurbanlyk getirmelidi. Iki mümkinçiligiň bolmagy mümkin: birinjisi, Merýem bilen Ýusup Beýtullahamdan Iýerusalime bolan ýedi kilometre golaý ýoly geçip, şol ýerde Isany Hudaýa bagyş etmek däbini amala aşyrdylar we onsoň ýene on güne çenli garaşdylar ýa-da ikinjisi, bagyş edilmegi yza süýşürip (şol döwür üçin adaty bolýan ýagdaý), baryny bilelikde etmegi çözdüler we şondan soň Beýtullahama dolanyp geldiler. Bu ýerde olar tä Müsüre gaçan döwürlerine çenli boldular. Iýerusalim ybadathanasynda Simun atly dogry adam we Hanna atly dul aýal Isa üçin dileg etdiler, Merýem bilen gürrüňdeş boldular we ejesi bilen Oglunyň ykbaly hakda pygamberlik etdiler.
Çagalary Hudaýa bagyş etmegiň iş ýüzünde ulanylmaýandygyna seretmezden, bu Mukaddes Kitap taryhy wajyp pursat hakda — däpleriň çagalaryň ruhy durmuşlaryndaky roly hakda şaýatlyk edýär.
Kanuny ýerine ýetirip we öz wagtlarynyň däplerine eýerip, Merýem bilen Ýusup Isa babatda iki däbi-de amala aşyrdylar. Şu gün Hudaý mesihi çagalary üçin sünneti talap etmeýär, emma bu dabaranyň manysy köp zat hakda gürrüň berýär. Oglan çagalar sekiz günlüginde sünnetlenýärdiler we bu olaryň Ysraýyl jemgyýetine kabul edilip, Hudaý bilen Ybraýymyň wadasyna girendikleriniň nyşanydy. Bu dabara ata-eneleriň gulak asyjydyklarynyň we wepalydyklarynyň subutnamasy bolup hyzmat edýärdi, öz çagalary babatda Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek isleginiň bardygyny görkezýärdi. Şeýle-de, bu dabara ata-eneleri öz çagalarynyň Hudaýy tanamakda, Oňa Hudaýa hyzmat etmekligi öwretmekde we Onuň yzyna eýermekde terbiýelemäge kömek edýärdi. Sünnetlenmek öz-özünden adamyň ömrüniň ahyryna çenli Hudaý alnynda dessine aklanýandygyny aňlatmaýardy. Ulalanyndan soň ol Hudaýyň ýollarynda ýöremekligi bilgeşleýin saýlamak kararyny kabul etmelidi. Onsuz sünnet öz manysyny ýitirýärdi. Onsoň Isa ilkinji ogla pata bermek däbini geçdi. Hudaý ysraýyllylara bir taryhy waka hakda ýatlatmak maksady bilen bu däbiň ýerine ýetirilmegini talap edýärdi — ysraýyllylar Hudaýyň Müsüre jeza berende, Öz halkynyň nowbahar çagalaryna rehim edendigini ýatlamalydylar. Nowbahar ogul bütin ömür Hudaýa hyzmat etmeklige bagyş edilmelidi. Lewiler arkaly Hudaýyň beren tabşyrygyna görä, ata-eneler öz ogluny ybadathananyň ruhanysyna tabşyryp, Hudaýa bagyş edip, onsoň bolsa bäş sany mukaddes edilen şekele ony yzyna satyn alyp bilerdiler. Bütin bu dabara özüniň täsin owadanlygy bilen tapawutlanyp, çuňňur manydan doludy: ata-eneler öz çagalary babatda Hudaýyň bitarap erkini boýun alýardylar, bu boýun almany ilkinji çagany hyzmat etmeklige bermek dabarasy arkaly beýan edip, öz çagasynyň Hudaýa degişlidigini yglan edýärdiler.
Biziň günlerimizde-de amala aşyrylýan mesihi däpleri bolan suwa çümdürilmäniň we täzeden imany tassyklamanyň esasynda hem şol düzgünler ýatandyr. Bu däpleriň merkezinde çaganyň durandygyna seretmezden, olaryň esasy manylary ata-eneleriň öz çagalaryny terbiýelemeklerinde Mukaddes Kitap parzlaryna eýerjekdiklerini wada bermeklerinde jemlenendir. Hiç bir däp-dessur bakyýetde çaganyň ykbalyny çözüp bilýän däldir, her bir adam uly ýaşa ýetip, bu soragy özi üçin özi çözýär.
Çagany Hudaýa bagyş etmek däbi hem ony Hudaýyň eline we Onuň goragyna tabşyrmaklygy, çaganyň ykbaly babatda Onuň bitarap niýetini boýun alyp, Hudaýy üçünji Hossar bolmak üçin çagyrmaklygy göz öňünde tutýar. Diňe bir çaganyň ykbalyna Onuň gatnaşman, eýsem ýeke-täk maksat, ýagny bu çagada Hudaýyň erkiniň amala aşmagy maksady bilen onuň ata-enesiniň hem durmuşlaryna Hudaýyň gatnaşmagyny aňladýandyr. Çagany Hudaýa bagyş etmeklik onuň durmuşy babatda Hudaýyň niýetine ynanmaklygy aňladýardy. Gadymy ýewreý sözi bolan
Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz.
Şeýlelikde, çagany Hudaýa bagyş etmegiň manysy ony Hudaýyň yzyna eýermeklige ugrukdyrmaklyk we ol çaganyň ulalanyndan soň hem bu ýoldan azaşmaly edip, Oňa bolan hyzmata bagyş etmelikdir. Aslynda Hudaýa bagyş etmeklik — bu bary-ýogy başlangyç nokatdyr, onuň yzysüre çagany gündelik Hudaý ýoluna ugrukdyrmaklyk gelmelidir.
Isanyň Hudaýa bagyş edilmegi hem Onuň dogulmagyna garaşýan dogry adamlaryň barlygynda amala aşyrylypdy. Simun bilen Hanna ne Merýem, ne-de Ýusup bilen tanyşdylar we Isa hakda hiç zat hem bilmeýärdiler, emma olar Mesihe garaşýardylar we Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy astynda olar Ony Çagada gördüler.
Biz Mesih arkaly çagalarymyzy Hudaýa bagyş edýäris we olaryň «nowbaharlaryň ýygnagynyň» bölegi bolarlary ýaly edip terbiýelemek baradaky borçnamany üstümize alýandyrys:
Mukaddes Kitap Isa Hudaýyň Nowbahary, bize bolsa Onuň bilen bilelikdäki mirasdarlar diýýär. Ikinji ýa-da üçünji nobatdaky mirasdarlar däl-de, deň hukukly, nowbahar ogul hukugyndaky mirasdarlardyr. Biz Mesihiň yzy bilen däl-de, Onuň amala aşyran işine daýanyp Gökleriň Patyşalygyna girýäris. Hudaý bize edil Mesihe seredişi kimin seredýär. Onuň gözleriniň alnynda biziň barymyz hem nowbaharlardyrys.
Çagalary Hudaýa bagyş etmek däbi öz içine beýik düşünjäni alýar we onuň kökleri ýahudy-mesihi däplerine aralaşyp gidýär. Oňa laýyklykda, ata-eneler, çagalar we şaýatlar hemmeleriň alnynda çagany Hudaýyň hakykatlaryna bagyş etmekligi wada berýärler. Ownuk-uşak soraglaryň manysy ýok: eger siz bu däbi ýerine ýetirip, onuň maksadyna we manysyna anyk düşünýän bolsaňyz, onda siziň özüňiz, hem-de çagalaryňyz hökman pataly bolarsyňyz.
Çagaňyzy Hudaýa bagyş edip, geljekde, edil Merýem bilen Ýusup ýaly, ony Biribaryň erkine laýyklykda terbiýelemek hakda beren wadaňyza wepaly boluň. Onsuz bagyş etmek dabarasy asla «hawa» diýilmedik nika dabarasyna meňzeş bolýandyr.
Goý, çagalary Hudaýa bagyş etmeklik biziň üçin hakyky baýramçylyk bolsun! Çünki bizde olaryň Hudaýyň erkini ýerine ýetirip ösýändiklerinden başga hiç bir baýramçylyk üçin sebäp ýokdur.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çaganyň Hudaýa bagyş edilmek dabarasynda maşgalanyň ähli agzalary, dostlar we ýygnagyň beýleki agzalary bolmalydyrlar. Çünki olar siziň öz çagaňyzy Hudaýyň parzlaryna laýyklykda terbiýelemek hakynda beren wadaňyza şaýatlar bolup bilýändirler. Öz taraplaryndan, olar hem size, hem-de çagaňyza Hudaýyň yzyna eýermeklige kömek ederler. Eger bu siziň ýygnagyňyzyň däplerine garşy bolmasa, Hudaýa wepaly bolan maşgalaňyzyň käbir agzalaryny ýa-da käbir dostlaryňyz dabara gatnaşyp, olaryň öz maşgalaňyz üçin dileg etmeklerini haýyş ediň. Öz çagaňyz üçin kimdir biriniň ruhy goldaw hatyny ýazmagyny soraň. Köpräk surata almaklygy ýadyňyzdan çykarmaň! Siziň ogluňyz ýa-da gyzyňyz ulalanynda, olar höwes bilen ol suratlara syn edip, öz durmuşlarynyň başyndan başlap Hudaýyň hakykatyna we Onuň ellerine tabşyrylandygyny ýatlarlar.
44-nji bap
Isa ýetginjeklik döwründe:
Diňe bir gezek Mukaddes Kitap bize Isanyň ýetginjeklik döwrüne syn etmäge mümkinçilik berýär, emma hatda bu kiçijik şaýatlyk hem ata-eneler üçin gymmatbaha maglumatyň çeşmesi bolup bilýändir (Luka 2:41–52 seret).
On iki ýaşynda Isa ata-enesi bilen Pesah baýramynda Iýerusalime ýola düşýär. Ähli ýewreý erkekleri esasy üç baýramçylyk mynasybetli ýylda üç gezek ybadathana barmaga borçludy, emma has uzakda ýaşaýanlar diňe bir gezek — Pesah baýramynda şeýle uzak syýahaty amala aşyryp bilýärdiler. Nasyra şäheri Iýerusalimden ýetmiş kilometrden hem daşda ýerleşýärdi, şeýlelikde, eger Ýusup ýylda üç gezek şeýle ýoly geçen hem bolsa, her gezek öz ýany bilen maşgalasyny hem äkidendigi şübhe astyndadyr. Emma indi ol, Merýem we Isa ol ýere bilelikde ýola düşdüler.
Baýramçylyk gutaranda, hemmeler öýlerine tarap yzyna ýola düşdüler, emma Isa olaryň hataryna girmedi. Diňe bir gün ýol geçenlerinden soň Merýem bilen Ýusup öz ýanlarynda Isanyň ýokdugyny aňdylar. Näme üçin olar Onuň ýokdugyny öňräk görmediler? Bar gürrüň şol wagtlarda adamlar uly topar bolup, erkekler we aýallar dürli kerwenler bilen gidýärdiler. Öz ýanynda Isa hem erkekleriň, hem-de aýallaryň aralarynda bolup bilerdiler. Ýusup Onuň Öz ejesiniň ýanyndadygy, Merýem hem Onuň kakasynyň ýanyndadygy hakynda oýlanan bolsalar gerek.
Merýem bilen Ýusup Isany ybadathanada tapanlarynda, Ol şol ýerde üç günläp bolupdy. Isa mugallymlar bilen bile oturyp, olary Özüniň pikirleri we jogaplary bilen haýran galdyrýardy (Luka 2:46–47 seret).
Eger bu bolan waka beýlekiler bilen bagly bolmazlykda seretsek, bu waka hakda: «Elbetde, Hudaýyň ogly bolandygy üçin ähli mugallymlary aňk-taňk etdi» diýip, oňa üns bermän hem bilýändiris. Emma Isanyň Özüniň Hudaýyň Ogly hökmündäki şöhratyny wagtlaýyn gizläp, biziň hem Oňa deň bolup, Ondan görelde alyp bilmegimiz üçin biziň birimiz ýaly bolandygyny ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Ol edil islendik çaga kimin öwrenip, ruhy taýdan ösmelidi. Şonuň üçin hem Onda biziň çagalarymyz özleri üçin mysal tapýarlar. Öz durmuşy bilen Isa biziň çagalarymyzyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň Özüne neneň ýakyndygyny görkezýär.
Emma Isada, bu dünýäde doglanlardan ýokary edýän bir aýratynlyk bar. Ol günäsi bolup doguldy. Boý gyzyň ogly bolmagy bilen, Kabyldan başlap her bir çagany Hudaýdan aýyrýan günäden azatdy. Isa Hudaýyň söýgüsinden keýplenip we Onuň kömegini kabul edip, Onuň bilen parahatlykda ösüp ulaldy.
Günäli bolup doglan biziň çagalarymyz Isa ýakynlaşyp bilerlermi? Onuň haçdaky ölümini boýun alyp, öz günälerine toba edip, olar Hudaýyň öz ýüreklerine girip, özlerini dogry ýola ugrukdyrmagyny, Özi üçin ýaşamagy öwretmegini haýyş edip bilýändirler. Şonda Hudaý olary islendik günäden arassalaýandyr we Öz perzentleri hökmünde kabul edýändir. Şol pursatdan başlap, olar edil Isa ýaly Hudaýyň barlygynda, Onuň söýgüsinde, ýolbaşçylygynda, akyldarlygynda, kämilliginde we kömeginde ruhy taýdan ösüp bilýändirler.
Onsoň olar özlerini hakykaty öwretmäge taýyn bolan Hudaýyň Ruhuny kabul edýändirler. Çagalarymyzyň Mesihde ösüp bilmek ukyplaryny hiç-de kemsitmän, biz şonda-da mysal hökmünde Isanyň Özüniň durmuşyna köpräk üns bermelidiris. Ondan görelde alyp, biziň çagalarymyz Hudaýyň yzyna eýerip, Onda ösüp bilerler. Ruhy ösüşiň bu täsin mümkinçiligini nädip ulanmalyka?
Islendik sapagy bermegiň, mysal üçin, matematika sapagyny öwretmegiň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmalydygy mälimdir. Öwretmeklik üns bilen düzülen programma boýunça amala aşyrylýandyr. Her ýyla okuw materialynyň kesgitli bölegi berilýändir. Ýogsa-da, her indiki ýylyň programmasy geçen ýyldaky öwrenilenlere esaslanýandyr. Bary oňat oýlanyp düzülen ulgama tabyn edilýändir we bu ýerde tötänlige orun ýokdur. Emma ruhy bilim hakda aýdanymyzda bolsa, ony öz ugruna goýberýärler.
Ruhy bilim bize öz-özünden gelýän däldir. Ol bize kimdir biri tarapyndan öwredilen bolmaly. Şonuň üçin hem ata-eneler bolan biz öz çagalarymyzyň ruhy taýdan ösmek ýagdaýyny ussatlyk bilen ugrukdyrmaga borçludyrys. Men siziň her biriňiziň bu hakda oýlanyp, dileg etmegiňizi, soňundanam hereketleriňiziň hakyky meýilnamasyny düzmegiňizi hödürleýärin.
Başlangyç üçin ruhy bilim bermeklikde peýdaly bolan ençeme wajyp ýagdaýlara seredip geçeris. Çagalaryň ruhy taýdan ösmeklerini meýilleşdirmek bilen är-aýallaryň ikisiniň bilelikde meşgul bolmalydyklarynyň oňatdygyna üns beriň.
Ilki bilen ruhy ösüş üçin nämäniň gerekdigini bilmeli. Täze Ähtiň ähli awtorlary — Pawlus hem, Petrus hem, Ýahýa hem — mesihilere ýetişen imana tarap öňe gitmekligi ündeýärler we ruhy ösüşiň esasy üç ýagdaýyny belläp geçýärler: öz imanyňyň özenine düşünmek; Hudaý bilen şahsy aragatnaşyklar; öz imanyňy işleriň bilen gündelik tassyklamak.
Mesihi çagalar hem edil şunuň ýaly, ýagny «ruhy üç aýagyň» ähli üç aýaklaryny herekete getirip, ruhy taýdan ösmelidirler. Bu ýerde bolsa, elbetde, üstlerine Hudaýyň ruhy terbiýe işini atan ata-enelerimiziň kömekleri bolmasa, aňsat bolmaz. Çagalara imanyň esasy taglymatlaryny öwretmekde ýygnak kesgitli kömegi teklip edip biler, emma ruhy ösüşiň beýleki iki düzüjileri bolan Hudaý bilen aragatnaşyklarda ösmek we iman boýunça ýaşamaga öwrenmek durşuna maşgalanyň jogapkärçiligi astyndadyr. Çaganyň ýygnagyň diwarlarynda geçirýän hepdäniň bary-ýogy ençeme sagadynyň içinde onuň ruhy taýdan üstünlikli ösmekligi üçin gerek bolan ähli şertleri döretmek mümkin däldir.
Mekdepde Isa Töwraty öwrendi; şeýle-de, Ol sinagoga gatnap, baýramçylyklarda Iýerusalim ybadathanasyna barýardy. Emma Onuň ruhy biliminiň köp bölegi öýde geçdi. Merýem bilen Ýusubyň Hudaýyň ähli görkezmelerini gulak asyjylyk bilen ýerine ýetirendiklerini Mukaddes Kitap aýdyň görkezýär.
Indi bolsa çagalarymyzyň agzap geçen ruhy taýdan kämilleşmekleriniň şu üç taraplarynda üstünlikli öňe gitmekleri üçin kömek edip bilýän iş ýüzündäki birnäçe usullara seredip geçeliň.
1.
Siz öz çagalaryňyzyň geçýän mesihi bilim programmasy bilen tanyş bolmalysyňyz. Gerekli bolan maglumatlary alyp, mesihi edebiýaty dükanyna baryň (ýa-da eger şeýle dükanlary tapmasaňyz, internetden ulanyň) we çagalaryňyzyň Mukaddes Kitap sapaklarynda alan bilimlerini berkitmek üçin birnäçe kitap saýlaň.
Öý ýumuşlary üçin goşmaça material bolary ýaly, çagaňyzyň ýaşyna laýyk gelýän mesihi filmleri, sazlar we beýleki gollanmalary tapmaga synanyşyň. Okuw materialyny saýlanyňyzda okuwyň görnüşi boýunça dürli-dürli bolmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň: Mukaddes Kitaby, ýagny mukaddes tahyry öwrenmekligi filmler bilen ýa-da häzirki döwür durmuşynyň mysallarynda Mukaddes Kitap parzlaryny beýan edýän kitaplar bilen gezekleşdirmeli. Şeýle garyşyk usuly ulanmaklyk başga birini aýratynlykda ulanmakdan gaty uly peýda berýändir.
Çagalaryňyzyň şu gün ýygnakda näme bilendikleri hakynda olar bilen hemişe gürrüňleşiň, özüňiziň hususy synlamalaryňyz bilen paýlaşyň, islendik wakalary Mukaddes Kitabyň garaýşy astynda derňäň.
Ahyrsoňy, çagalaryňyzda Mukaddes Kitaby günde okamak gylygyny dörediň. Kiçi çagalaryňyz üçin ýaşlaryna laýyk gelýän Mukaddes Kitap gürrüňleriniň toplumyny, uly ýaşlylar üçin bolsa hususy Mukaddes Kitap satyn alyň we okamaklygyň meýilnamasyny düzmäge kömek ediň. Soňundanam oňa eýermäge kömek ediň.
2.
3. Özleşdirilen hakykatlary iş ýüzünde ulanmaklykda ösmeklik. Mesihi bolmaklyk diňe bir hakykata ynanmaklygy aňlatmaýandyr — bu diýmek Mesihe meňzeş bolmaklyga öwrenmekligi, ýagny pikirleriňde, sözleriňde we işleriňde öz goňşularyňa bolan söýgüden ugur almaklygy aňladýandyr. Islendik durmuş ýagdaýlaryny Öz Sözi arkaly kabul etmekligi we olary Onuň erki boýunça çözmekligi özüňize öwretmegi hakynda dileg ediň. Çagalaryňyz oýunjak sebäpli jedelleşenlerinde ýa-da başga bir kynçylyk dörände, bu hakda Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini olara ýatladyp, jedeli onuň parzlary arkaly çözüň. Nähili hereket etmeli ýa-da nähili etmeli däldigini çagalarymyza öwredenimizde, hut şol parzlara aýratyn üns bermelidiris.
Isanyň ybadathanada bolandygy baradaky gürrüň şu aşakdaky ruhlandyryjy aýat bilen tamamlanýar:
Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
Käbirleri mesihi imany edil goşmaça tagam, ýagny öz durmuşlaryna goşmaça hökmünde kabul edýärler, emma bu beýle däl. Mesihi imany biziň ýaşaýşymyzyň — özümiziň kimdigimiziň, näme hakda oýlanýandygymyzyň, näme diýýändigimiziň, nähili hereket edýändigimiziň esasydyr. Sahna günäniň çykmazyndan ozal Adam ata bilen How ene hiç hili dine eýe däldiler; olaryň söýgüli Ýaradyjysy bardy we Ol olara ähli gerek bolan zatlary beripdi we olara durmuşy dogry gurmaklygyň düzgünlerini öwretmek, olaryň öwrenmeklerine we ösmeklerine, patalara şatlanyp, ýer ýüzüni doldurmaklaryna kömek etmek isläpdi.
Çagalaryň ruhy ösüşlerine ýardam bermek — olardan ýaş dini janypkeşleri etmekligi aňladýan däldir. Biziň maksadymyz olary söýýän Göklerdäki Atanyň ýanyna getirmekdir, Ol bolsa, öz gezeginde, olara durmuşyň kanunlaryny aýan edip, ýerdäki we bakyýetdäki durmuşda dogry ýola ugrukdyrmak isleýändir.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalaryňyzy ruhy taýdan terbiýelemek meselesinde siziň üçin gaty oňat goldaw bolup biljek kitaplaryň sanawyny size hödürleýärin:
45-nji bap
Iýerusalime syýahat,
1-nji bölüm:
Çagalara ýüzlenen ýeke-täk Mukaddes Kitap parzy olaryň öz ata-enelerine hormat goýup, olara gulak asmaklaryny talap edýär. Bu parz diňe bir çagalar üçin däl-de, hatda ata-eneleriň özleri üçin hem uly mana eýedir, çünki hut olar bu parza dogry düşünip, ony öz çagalaryna dogry düşündirip bilmelidirler.
Bu meseläni çözüp bilmekleri üçin ata-enelere ýetginjek Isanyň ybadathanada galandygyny beýan edýän taryh kömek edip biler, şonda Isanyň ata-enesi Onuň öz ýanlaryndadygyna doly ynamly bolup, Iýerusalimden gidipdiler. Gulak asyjylygy terbiýelemek berk tertip-düzgüni talap edýändir. Isanyň ybadathanada bolmagy ýaly wakany barlagymyzyň birinji böleginde biz ata-ene talaplaryna çynlakaý gatnaşyk etmekligiň we terbiýeleýji çäreleri ulanmakda oý-pikirli usuly ulanmaklygyň wajyplygyna seredip geçeris.
Üç günden soň Merýem bilen Ýusup Isany tapanlarynda, olaryň aralarynda gyzykly gürrüň boldy:
Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi. Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi. Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler.
Şol pursat Merýemiň näme duýandygyny göz öňüne getirmäge synanyşalyň. Isanyň doglanyndan soň Çagany Hirodes öldürijiniň elinden halas etmek üçin Merýemiň Ýusup bilen haýallyk etmän Müsüre gidendiklerini ýadymyza salalyň. Isanyň Mesihdigini bilip, eger Hirodes ýaly zalym adamyň hakykaty ýeten pursatynda Isa garaşýan howpa aň ýetirip, Merýem bilen Ýusup on iki ýaşly Isany ýitirip, aljyraňňylyga düşmän bilmezdiler. Çünki Hudaý Mesih hakdaky aladany olara tabşyrypdy, olar bolsa Ony Hirodesiň oglunyň hojaýynlyk edýän şäherinde ýitirdiler!
Ilki bilen seredeniňde, Isanyň ýitirim bolmagynda ata-enesine bolan hormatsyzlyk, hatda gulak asmazlyk peýda bolýan ýaly. Çagalar hormatsyzlygy ýa-da gulak asmazlygy döredenlerinde, biziň ilkinji hereketimiz adatça gaty berk bolýar. Emma üns beriň: Merýem günäkärlemeden we çärelerden başlaman, öz howsalasy hakda Oňa aýdyp, Oglunyň hereketini düşündirmegine rugsat berdi.
Merýem öz göz alnynda nädogry, hormatsyz, ýa-da ýeňilkellelik bilen edilen işi Onuň näme üçin amala aşyrandygy hakynda sorady. Isa Özüniň hereketiniň sebäbini ejesine düşündirdi: Ol Özüniň bolýan ýerini ata-enesiniň bilip, Özüniň şeýle saýlawyny olaryň goldaýandyklaryna ynamlydy. Isa bilen Onuň ata-enesiniň arasynda peýda bolan käbir düşünmesizliklere seretmezden, Ol hiç haçan hem Öz tarapyndan olara bolan hormatsyzlyga ýa-da gulak asmazlyga ýol bermezdi.
Merýemiň sözlerinde onuň Öz oglunyň sözlerine ynanýandygy düşnükli, emma Onuň bilen barynyň oňatdygyna göz ýetirmegi çözdi. Gürrüň çagalary tertip-düzgüne öwretmek hakynda gidende, edil Merýem ýaly, özüňiň düşünişiňden, öz ýagdaýyňy düşündirmekden başlap bilmeklik gaty wajypdyr, soňundan bolsa çagany soraga tutup, diňe gürrüňiň soňunda oňa nähili çäre bermelidigini çözmek dogrudyr.
...ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi.
Ilki bilen ata-eneler özleriniň gazaplaryny we duýgularyny sowatmalydyrlar we ýuwaşlyk bilen çaganyň eden hereketini düzetmeklige mätäçmi ýa-da ýok ýa-da ol özüne bildirilen talaplaryň manylaryna ýöne düşünmeýärmikä diýen soragy özlerine bermelidirler, ahyrynda-da, tertip-düzgün çäreleriniň gerekmi ýa-da ýokdugy hakynda oňatja oýlanmalydyrlar. Düşündirişiň talap edilýän ýerinde temmini ulanmaklyk çagada adalatsyzlyk, öýke duýgusyny döredýär we oňa diňe zyýan ýetirýär:
Öz ata-enelerine hormat goýýan çagalara Hudaý Musa arkaly uzak durmuş we üstünlik wada beripdi. Ýöne ilki bilen Musa ululary Hudaýy hormatlamaga we Oňa tabyn bolmaklyga öwredipdi. Şeýlelikde, ata-enelere Hudaýa hormat goýup, Oňa gulak asyjy bolmaklyk, çagalara bolsa öz ata-enelerine hormat goýup, olara gulak asyjylar bolmaklyk tabşyrylypdy.
Resul Pawlus bäşinji parzy Täze Ähtiň esasynda gaýtalap, biraz üýtgedipdi:
Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr. «Ýagşylyk görüp, Ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla». Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur.
Resul Pawlus şu ýerde
Biziň hem öz çagalarymyzyň Hudaýa hormat goýup, Oňa gulak asyjy bolup bilmeklerine öwredip bilmegimiz üçin, Hudaý biziň çagalarymyza ata-eneler bolan bizi hormatlamagy tabşyrýar. Hudaý siziň çagalaryňyzy söýýär we olaryň Öz erkine boýun bolmaklaryny görmek isleýär; şeýle-de, Ol ata-eneler bolan sizi hem patalamak isleýär, eger siziň özüňiz Hudaýa hormat goýman, Oňa gulak asyjy bolmasaňyz, onda çagalaryňyzyň özüňizi hormatlap, size gulak asyjylar bolmaklaryna garaşyp bilmersiňiz.
Bar gürrüň şundadyr, ýagny eger siz öz çagalaryňyzy Hudaýyň yzyna eýermeklige öwretseňiz we eger olar siziň diýeniňize gulak goýup, sizi hormatlaýan bolsalar, diňe şeýle ýagdaýda Hudaý siziň çagalaryňyza pata bermegi wada berýär. Eger siz bu maksada ýetmäge synanyşýan bolsaňyz, onda Hudaý size goldaw berip, hökman kömek eder.
Ýöne ata-eneler öz çagalaryndan garaşýan hormatyň we gulak asmaklygyň nämedigine dogry düşünmelidirler. Merýem Oglunyň özi bilen Ýusuba bolan gatnaşygyna gaty gaýgylanandygyna seretmezden, ol näme bolsa-da, özüni elde saklap, ilki bilen Onuň şeýle hereketiniň sebäbini bilmekligi çözdi. Käwagtlar biz çagalarymyzyň hormatsyzlygyny we gulak asmazaklygyny görüp, öz duýgularymyza erk berýäris. Emma aslynda gürrüňiň çagalaryň Hudaýa bolan gulak asyjylygy hakynda gidýändigini ýadymyzda saklamalydyrys, şonuň üçin hem hut şu pursatda bolup geçýän wakalardan azajyk ünsümizi sowup, şu ýagdaýa Hudaýyň nähili seredýändigi hakynda oýlanmalydyrys.
Mukaddes Kitabyň biziň öz çagalarymyzy edil özümiziň hususy emlägimiz kimin kabul etmegimize rugsat bermeýändigini ýadymyzda saklamalydyrys: Hudaý öz çagalarymyzy Onuň Özüne, Onuň erkine gönükdirmegimiz üçin olaryň bize tabyn bolmalydyklaryny buýurýar.
Eger-de kynçylyk dogrudanam Hudaýa gulak asmazlyga eltýän bolsa, onda biz tertip-düzgüne getirýän çäreleri ulanyp bilýändiris we hökman ulanmalydyrys, emma, şol bir wagtyň özünde, özümiziň Onuň terbiýeleýji ulgamynyň geçirijileri bolýandygymyzy ýadymyzda saklamalydyrys. Onuň bu terbiýeleýji ulgamynyň esasynda bolsa, söýgi durýandyr. Onsoňam, bu terbiýelemek işinde biz hiç haçan öýke bilen gaharyň özümize ýolbaşçylyk etmegine rugsat bermeli däldiris.
Merýem bilen Ýusubyň durmuşlarynyň bir wakasyndan gelip çykýan birnäçe ýagdaýlara seredip geçeliň:
1.
Çagalaryň bäşinji parzy ýerine ýetirmekleri barada Hudaý özüniň kesgitli garaýşyny aýan edýär: eger sen ata-eneňi hormatlasaň, onda sylag alarsyň. Çaganyň ata-enesine gulak asyjy bolmagyny wada berlen sylaga satyn almaklygyň islendik synanyşygy Hudaýyň garaýşyna garşy çykýandyr. Hudaý Özüne bolan hormaty talap edýär we haçanda muny görende, Ol sylaglaýar. Bu maksada ýetmeklikde çagalaryňyzyň özüňiz bilen bile işleýändikleri üçin olary magtaň we olara minnetdarlyk bildiriň. Çagaňyzy gujaklaň we onuň nähili gowy çagadygyny aýdyň, eger-de çagaňyz çynlakaý siziň kömekçiňiz bolmaga synanyşýan bolsa, onda muny nähilidir bir mynasyp sowgat bilen belläň. Kömekleri üçin çagalaryňyza minnetdarlyk bildirip we olaryň gulak asyjylyklary üçin sylaglandyryp, siz olaryň ýüreklerini oňat işleriň hökman sylaglanylýandygyna bolan ynam bilen doldurýansyňyz. Eger çaga gulak asmaklygyň netijesiniň sylag bolýandygyny görýän bolsa, onda ol muňa biperwaý seretmez.
2.
Ygtaýara eýe bolanlaryň öz ygtyýaryndakylara hyzmat etmelidikleri hakynda Isa öwredipdi. Hudaýyň çagalaryňyzdan olaryň size gulak asyjylar bolmaklaryny talap edýändigi sizden Onuň öz çagalaryňyza hyzmat etmegiňizi (ýöne tersine däl) talap edýändigini aňladýandyr. Diňe öz-özümiz hakda alada etmeklik duýgularymyzyň täsiri astynda çagalarymyzyň üstlerinden bolan ygtyýarymyzy ýamanlyk üçin ulanmazymyz ýaly, gaty hüşgär bolalyň. Bizden Hudaýyň ähli talap edýänleri netijede hut biziň özümiziň ýagşylygymyz üçin işleýändir. Bu hakda biz her gezek çagalarymyza talaplary görkezmegimiziň öň ýanynda hökman ýatlamalydyrys. Mähirli we diňe ýagşylyk üçin hereket edenlerinde, ähli adamlar üçin, şol sanda çagalar üçin hem tabyn bolmaklyk gaty ýeňil bolýandyr.
Çagany ýeňilkelleli gatnaşyklaryň bilen özüňden daşlaşdyranyňdan, onda oňat kömekçini görmeklik gaty oňatdyr. Haýyşlaryňyzda mähirli boluň we çagalaryňyza minnetdarlyk bildiriň; buýruk beriji äheňe diňe iň soňky serişde hökmünde ýüz tutuň. Biziň hemmämiz hem özümize buýruklar bermän, haýyşlar arkaly ýüzlenýänler bilen gatnaşyk etmek isleýändiris.
3.
Ata-enesi on iki ýaşly Isa özleriniň nägileliklerini aýdanlaryndan soň, Onuň düşündirmegine mümkinçilik berdiler. Isanyň öz ata-enesiniň nägilelikleriniň sebäbine düşünmäninden soň, Ol olara iki sany sorag berdi.
Gapma-garşylykly, agyr ýagdaýlarda bir-biriňe dogry düşünmekligi ýola goýmagyň iň oňat we peýdaly usuly — bu sorag-jogap alyşmakdyr, çünki soraglar bir-biriňiň ýagdaýyňa düşünmekligi ýeňilleşdirip, wagtyndan öň çykarylan netijelerden saklaýandyr. Çagaňyzyň özüňize esaslandyrylan soraglary bermegine, ýagny olar arkaly siziň talaplaryňyza özüniň hereketlerini beýan etmäge mümkinçilik beriň. Eger çagalar akylly deliller getirýän bolsalar, olara üns beriň we öz ýagdaýyňyza täzeden syn ediň. Muny şu aşakdaky sebäpler boýunça etmelisiňiz: birinjiden, çagalar gulak asmaklygyň ýakynlaşdyrýandygyny we ähli gyzyklanan taraplara peýda getirýändigini görýändirler; ikinjiden, olar özlerini hukuksyz bolan ikinji derejeli adamlar hasaplamaýandyklaryny duýarlar; üçünjiden, bu arkaly olar köre-körlük bilen tabyn bolmagyň alnyndaky akylly-parasatly tabyn bolmagyň we gulak asyjy bolmagyň artykmaçlygyny görerler, ýagny geljekki ýaşaýyşlary üçin akyldarlyga eýe bolarlar.
Isa Öz jemgyýetiniň hereketjeň, gulak asyjy agzasy bolup ösdi, emma Ol özgäniň erkine köre-körlük bilen tabyn bolmaklykdan daşdy. Ruhanylar öz bähbitleriniň peýdasyna Mukaddes Kitap kanunyna şahsy goşmaçalar girizmäge synanyşanlarynda, Ol Öz pikirini aýdýardy. Ol Pilatusa ähli zada ýerdäki patyşanyň däl-de, Beýik Hudaýyň erkiniň hökümdarlyk edýändigini arkaýynlyk bilen ýatlatdy we Özüni adalatsyz uran ybadathananyň garawulyna sorag bilen ýüzlendi. Ululardan (elbetde, hormat goýmaklyk bilen) soramak rugsat berlen çagalar gulak asmaklygyň manysyna we artykmaçlygyna oňat düşünýändirler we şu sebäpden-de bu dünýädäki durmuşa oňan taýýarlanan bolýandyrlar.
4.
Eger çagaňyz özüni gödek, hormatsyz alyp barýan bolsa, şeýle ýagdaýda siziň esasy maksadyňyz — onuň indiki gezek hem gulak asmazlyga ýol bermezligi üçin onuň özüniň ýalňyşýandygyny görmegine kömek etmegiňizdir. Çagalaryň ata-eneleriniň erkine tabyn bolmaýan ýagdaýlaryna syn edip, oýlanman durup, temmi beriji çärelere ýüz tutmagyň geregi ýokdur, munuň deregine özüňiziň esasy meseläňizi ýadyňyzda salyň — çagalarda gulak asyjylygy terbiýelemek, olara onuň manysyna düşünmäge kömek etmek we ony iş ýüzünde görkezmäge goldaw bermek. Temmi bermeklik bolsa bu maksada ýetmegiň hemişe iň oňat serişdesi bolup bilýän däldir.
Çaga soraglaryna edil çagalar bilen gürrüňdeşligiň görnüşinde bolşy kimin biperwaý seretmäň, çünki şeýle gürrüňdeşlik döwründe islendik düşünişmezligiň sebäpleri aýan bolýandyr. Eger ata-enä göni gulak asmazlyk ilkinji gezek amala aşyrylan bolsa, onda ýekelikdäki ýerde ýuwaşja edilýän gürrüňdeşlik talap edilýändir. Hut şeýle gürrüňdeşlik döwründe siz çagaňyz bilen onuň özüni alyp barşyny ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Bütin maşgalanyň oňatlygy üçin çagalar bilen ata-eneleriň bilelikdäki hyzmatdaşlyklarynyň maksatlaryny we artykmaçlyklaryny olara düşündirmäge ýadamaň. Çagaňyz bilen bile gulak asmazlygyň anyk wakalaryny derňäň we onuň durmuşy üçin şeýle gulak asmazlygyň erbet nerijelerini aýratyn belläp geçiň. Mundan başga-da, näme üçin özüňiziň teklip edýäniňiziň iň oňatdygyny çagaňyza düşündiriň.
Eger biraz soňra, has başga ýagdaýda çagaňyz ýene-de gulak asmazlyk etse (emma şeýle ýagdaýlar hakda onuň bilen şu wagta çenli siz entek gürrüň etmediňiz), onda şeýle ýagdaýda-da çaganyň düzelmegine mümkinçilik bermelisiňiz. Çagalar özlerine rehimdarlyk edip, öz hereketlerini düzetmäge mümkinçilik berýändiklerini duýanda, bu adatça temmi bermekden has peýdaly täsir edýändir.
Eger biz bu hakykatlara bolan wepalylygy saklaýan bolsak, onda bäşinji parz biziň bütin maşgalamyz üçin patanyň çeşmesi bolup hyzmat eder: maşgala aragatnaşyklary düzedilýär we öýe şatlyk gelýändir.
Merýem, Ýusup we Isa — ine, biziň görelde almagymyz üçin berlen neneň aýdyň mysallar, çünki öz durmuşlary bilen olar ýokarda aýdylanlaryň barynyň mümkindigini subut etdiler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň özüňize gulak asmazlyk ýa-da hormat goýmazlyk bilen gatnaşyk eden ýagdaýynda temmiden öň şeýle etmäge synanyşyp görüň: çagaňyza özüňiz bilen gürüňdeş bolmagy teklip edip, onuň näme üçin özüni şeýle alyp barýandygynyň sebäbini düşündirmegi haýyş ediň. Öz soraglaryňyza onuň berýän jogaplaryny üns bilen diňläň. Gürrüňdeşligiň soňunda özüňiziň garaýşyňyza çagaňyzyň düşünip-düşünmändigini we geljekde özüniň ýalňyşlygyny gaýtalamazlyga taýynmy ýa-da ýokdugyny anyklaň. Eger ol baryna düşünip, gaýtalamazlyga taýyn bolsa, onda temmini ulanmakdan eliňizi çekiň, çünki siz maksadyňyza ýetensiňiz. Çagaňyzyň size gulak asanlygy, öwrenenligi we dogry saýlaw edenligi üçin ony magtaň, onsoň ony gujaklaň we Mukaddes Kitabyň: «Bar we mundan beýläk günä etme» diýen sözleri bilen ugradyň.
46-njy bap
Iýerusalime syýahat,
2-nji bölüm:
Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr.
Isa oglanyň ybadathanada galandygy baradaky taryh bize çagalarymyzda ybtyýarly adamlara bolan hormaty we olara boýun bolmaklygy ösdürmek borjuny görkezýändir. Bu taryhdan biz bu maksada nädip ýetmelidiginiň iş ýüzündäki ýollary hakynda hem bilýändiris.
Isanyň ybadathanada galyp, şol ýerde mugallymlar bilen gürrüň edendigini, şol bir wagtyň özünde bolsa, Onuň ata-enesiniň Onuň öýlerine tarap gidýän kerwenleriň biri bilen barýandygyna ynamly bolup, Iýerusalimi taşlap gidendiklerini ýadymyza salalyň. Ýiten Ogullaryny üç günläp gözlänlerinden soňky Merýem bilen Ýusubyň tolgunmasy aklanarlydy.
Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi. Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi. Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler.
Ybadathanadaky bolan maşgala maslahatyndan soň gapma-garşylyk çalt çözüldi. Hatda eger Merýem bilen Ýusuba Isanyň özlerine hormatsyz we gulak asmadyk ýagdaýda gatnaşyk edeni ýaly bolup görnen hem bolsa, olar şeýle zadyň gaýdyp gaýtalanmazy ýaly, ýagdaýy özleriniň göz astyna aldylar. Isa bolsa şeýle bolmagy üçin elinden gelenini etdi:
Gulak asmaklyk — iki sebäbe görä çagalar üçin birinji orundaky parzdyr. Iň aýdyň sebäp şundan durýandyr, ýagny gulak asmazak çaga gulak asmaklygyň manysyna we wajyplygyna düşünmän, öwredilmäge ukyply däldir, çünki ol diňlemegi başarmaýandyr. Ikinji sebäp bolsa şundan ybaratdyr: pes ygtyýara eýe bolanlaryň ýokary ygtyýara eýe bolanlara tabyn bolmaklygy islendik jemgyýetiň wajyp düzgüni bolýandygy sebäpli, ygtyýarly adamlara tabyn bolmaga öwrenmedik çaga hiç haçan hem durmuşda üstünlige eýe bolup bilmeýändir.
Gulak asmazak çaganyň kynçylygy onuň ata-enesiniň talaplaryna bilelikde garşy çykýandygynda däl-de, oňa gulak asmaklygyň maksadyny düşündirmeklerinde we ony nädip iş ýüzünde aýan etmelidigini görkezmeklerindedir.
Biziň ata-enelik borjumyz çagalarymyza gulak asmaklygyň manysyny we onuň artykmaçlyklaryny düşündirmekden ybaratdyr. Indiki tapgyr bolsa gulak asmaklygy nädip iş ýüzünde, ýagny hakyky durmuş ýagdaýlarynda ýuwaş-ýuwaşdan, ädimme-ädim aýan etmeklige öwretmekligi göz öňünde tutýandyr. Diňe şeýle ädimler bizi üstünlige getirýändir.
Merýem bilen Ýusubyň çagalarda gulak asmaklygy terbiýelemek tejribesine daýanyp, özümiz üçin birnäçe peýdaly netijeleri çykararys:
1.
Çagalaryňyza gulak asmaklygyň bagtly durmuş üçin wajypdygyny düşündiriň. Eger olar size we Hudaýa gulak asyjy bolsalar, onda olary patalamagy Hudaý wada beripdi. Gulak asyjylyga öwretmeklik çagany erksiz bir zada öwürmekligi maksat edinýän däldir, asla beýle däl, ol maşgalada we umuman jemgyýetde hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmäge kömek edýändir.
Gulak asmaklyk wajypdyr, çünki gulak asyjy çagalar oňat öwredilýändirler we çalt üstünlik gazanýandyrlar. Işgärler guramanyň gülläp ösmegi we özleriniň iş ýerlerini saklamagy üçin başlyklara tabyn bolýandyrlar. Jemgyýetiň agzalary hökmünde biz kanunlara tabyn bolýandyrys. Kanunlar bolsa, öz gezeginde, bizi gorap, bütin jemgyýetiň oňat ýaşamagy üçin şertleri döredýändir. Hudaýyň bize Öz söýgüsini aýan edip, bize kömek edip bileri ýaly, biziň her birimiz Oňa tabyn bolmalydyrys.
Bütin ömür gulak asmaklyga öwrenmekligiň näme üçin şeýle wajypdygyny çagalaryňyza düşündiriň; onuň bütin ömür bize gerek bolup, durmuşda üstünlikleri girew berýändigi hakynda çagalaryňyza gürrüň beriň. On iki ýaşly Isanyň mysalyna ýüz tutuň: Ol — Hudaý we bütin älemiň Ýaradyjysy, ýöne ýerdäki durmuşynda Ol gulak asyjy boldy, çünki gulak asmaklygyň biziň durmuşymyzy bezeýän patadygyny bilýärdi.
Her gezek, kömege mätäç bolanyňyzda we gulak asmaklygyň wajyp bolanynda, bu hakda çagalaryňyza aýdyň. Gulak asmaklygyň manysyna düşünmeýän çagalaryň köpleri ony erbet zat hökmünde kabul edýärler. Olaryň pikirleriçe, olar ulalanlaryndan soň özlerinden ähli zynjyrlary aýryp taşlap, öz islegleri boýunça ýaşamaga azatlyk alarlar. Eger siziň uly çagalaryňyz dogrudanam şeýle pikir edýän bolsalar, onda olaryň näme üçin ýalňyşýandyklaryny düşündiriň.
2.
Öz çagalaryňyza Hudaýyň seredişi kimin seretmeklige öwreniň. Biz mesihiler bolanymyzda, Hudaý Isanyň eden işi sebäpli bize Onuň dogrulygyny berýändir. Şondan başlap Hudaý bizde dogry adamlary görüp, Isa meňşez bolmakda bize kömek edip başlaýandyr (Rimliler 3:22; Filipililer 1:8–11 seret). Biziň çagalarymyz hem mesihiler bolanda, olar bilen hem hut şeýle bolýandyr we olaryň ata-eneleri bolan biz olara edil Hudaýyň seredişi kimin seretmelidiris.
Eger siz ýalňyşýan bolsaňyz, Hudaý sizi Özüniň dogrulyk sylagyndan mahrum edip, masgaralaýan hem däldir; Ol size edil dogry adam ýaly seretmegini dowam etdirip, siz öňküsi ýaly maksada alyp barýandyr. Çagalarymyz bizi öz sözleri bilen ýa-da öz hereketleri bilen masgaralanlarynda, ýalňyşlyklar edip, duşmançylykly ýagdaýlary döredenlerinde, biz olara edil Hudaýyň özümize seredişi ýaly seretmelidiris: olara we olarda Hudaýyň hereket edýändigine, olaryň dogrulyga bolan ymtylyşlaryny goldap, öňe eltýändigine ynanmalydyrys.
Çagalarymyza «samsyk» ýa-da «tentek» ýaly at dakyp, olarda Hudaýyň sylaglaryny we her birleri üçin Onuň kesgitlän maksatlaryny görmegiň deregine, olaryň günälidiklerine ynandyrýandyrys (aslynda hemmeler hem günälidirler, emma biz, esasan-da, çagalarymyz mesihi bolanlarynda, Hudaý günäleri bagyşlaýar. Ýöne şeýle at dakmalar bilen biz Hudaýyň bagyşlap, ýatlamaýan günälerini çagalarymyza ýatladýandyrys). Eger siziň çagalaryňyz erbet hereket edýän bolsalar, bu olaryň dogrudanam erbetdiklerini aňlatmaýar: olar bary-ýogy erbet hereket edýärler. Goý, siziň çagaňyza aýdylýan sözleriňizde hemişe onuň dogrudygy, dogry ýol bilen gidýändigi, onuň ösüp, öwrenip, mundan-da oňat bolup ýetişjekdigi baradaky ynamlylyk eşidilsin. Özüni gulak asyjy hasaplaýan adam hut şeýle hem hereket edýändir.
3.
Eger çagalaryňyz nädip siziň telefon boýunça gepleşeniňizde özüňizi syrkaw ýaly alyp baryp aldaýandygyňyzy ýa-da salgyt edarasyna özüňiziň girdejileriňiz hakda ýalan maglumat berýändigiňizi, ýa-da köçäniň geçmeli däl ýerinden geçýändigiňizi görýän we eşidýän bolsalar, onda siziň ähli öwüt-nesihatlaryňyz we düşündirişleriňiz, çagalaryňyz bilen edýän ähli gürrüňdeşlikleriňiz boş söz bolmagyna galýandyr. Hatda terbiýelemegiň däp bolan (nädogry) usuly hem — gygyrmaklyk, jedel etmeklik, gorkuzyp, temmi bermeklik hem — şeýle ýagdaýda hökman şowsuzlyga uçrar.
Gulak asmaklygyň hormat etmegiň we tabyn bolmaklygyň özenidigini ýatda saklamak wajypdyr. Ine, iň ýönekeý, emma çaga düşünjesi üçin ýeňillik bilen elýeter bolan hormatlamagyň doly kesgitlemesi: hormatlamak diýmek — gulak asmaklyk we tabyn bolmaklyk diýmekdir.
Çagalar hakda diňe bir, bäşinji parz gürrüň edýär. Ilki bilen seredeniňde, ol diňe edil biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirmek üçin berlen ýaly bolup görünýär, emma hakykatda bolsa onuň etmeli işi — iň wajyp bolan borja görkezmeklik: çagalarymyzy gulak asmaklygyň ruhunda terbiýelemek.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Çagalar özlerinden siziň köre-körlük bilen tabyn bolmaklygy talap etmeýändigiňizi, özlerinde size hormat bilen ýüzlenip, özleri üçin düşnüksiz bolan zatlary anyklaşdyrmaga hukuklarynyň bardygyny bilmelidirler. Çagalaryňyza Hudaýyň olardan ata-enelerine gulak asyjy bolmalydyklaryny talap edýändigini düşündiriň. Çagalaryňyza ata-eneleriň öz çagalaryny Hudaýa gulak asmaklykda terbiýeläp, olary Hudaýyň yzyna eýermek ýoluna ugrukdyryp bilmekleri üçin, Hudaýyň olara öz çagalarynyň üstlerinden ygtyýar berendigini düşündiriň. Siziň çagalaryňyz özlerinden Hudaýyň köre-körlük bilen islendik ygtyýarly adamlara tabyn bolmaklaryny islemeýändigini, şeýle-de, ygtyýarly, emma nädogry adamlaryň talaplary boýunça ýamanlyk etmekden daş durmaga rugsat berýändigini bilmelidirler.
47-nji bap
Merýemiň hazynasy:
Durmuşymyň üç ýylyny men kärdeşlerimiň biriniň ornunda ýygnagyň çopany bolup hyzmat etdim. Şeýle hyzmata goýýan adamyny Hudaýyň nädip patalaýandygyna şol döwür haýran galmagymy bes etmedim. Her hepde men şol ýygnagyň agzalary üçin dileg etdim, olara maslahatlar berdim we kömek etdim. Entek men bar güýjüm bilen öz hyzmatymy has peýdaly etmäge çalyşýarkam, Hudaý meniň ýüregimde bu adamlara bolan söýgini berk etdi, şeýle-de, olaryň her birleriniň içki dünýäsine aň ýetirip, olaryň durmuşlary baradaky Öz niýetlerine düşünmegine kömek etdi.
Men bu hakda bir ýygnak çopany bilen gürrüňdeş bolanymda ýatladym. Ol çopan özüniň her dynç güni ýerine ýetirýän borçnamalary hakda maňa gürrüň berdi. Ol Hudaýa hyzmaty we wagyz etmegi dynç günündäki borçnamalarynyň iň ýönekeýidigi hakynda aýtdy. Şol pursat meniň ýadyma özümiň çopan bolup hyzmat edýän ýygnagyma giren wagtymdaky ýatlamalar düşdi. Ine, çopan ýygnak agzalarynyň alnynda durýar, olaryň ýüzlerine bakyp, olar hakda dileg edýär, şol bir wagtyň özünde, ol Hudaýyň patasyny, aladasyny, söýgüsini kabul edip, her bir adamyň umydyny goldap, ruhuny berkitmek üçin elinden gelenini edýär. Bu gaty täsin sylag.
Siziň çopanyňyz ýa-da başga bir hyzmatkär size göni bakyp, siziň bilen bir zatlaryň bolup geçýändigine düşünen pursatlary boldumy? Meniň bilen şeýle boldy we her gezek meni öz üstüme inen Hudaýyň söýgüsini täsin ýagdaýda duýmaklyk haýran galdyrdy.
Hudaý meni başgalar hakda alada etmeklige ruhlandyranda, men her gezek bu täsin sylagyň gös-göni hereketini duýýardym. Bizi şeýle hyzmata gönükdirmegi bilen, Ol hökman bu iş üçin wajyp bolan söýgini, merhemeti, düşünmekligi we akyldarlygy bize iberýär. Hudaýyň ygtyýarlyk beren adamlarynyň üsti bilen hereket edýändigi hakyndaky mysallar Mukaddes Kitapda gaty kändir. Mysal üçin, Ol Dawuda akyldarlyk we patyşa köşgünde hyzmat edýän adamlaryň ýüreklerini görüp bilmek sylagyny berdi; Musa ysraýyllylaryň ýüreklerini gördi we olara ýolbaşçylyk etmek üçin akyldarlyk aldy; Ýusup zyndanda bolup, betbagtçylygy boýunça özüne ýoldaş bolanlaryň geljegini tebigatdan daşary usul bilen bilmek sylagyna eýedi. Isa ýürekleri gaty oňat görýärdi, öz şägirtleriniň pikirlerini we gürrüňleriniň temalaryny bilýärdi. Resul Pawlus öz döwründäki mesihi ýygnaklaryň ruhy ýagdaýyna aralaşmak sylagyny görkezdi we ony öz hatlarynda beýan etdi.
Edil muňa meňzeşlikde, Hudaý biziň terbiýeleýän çagalarymyzyň üstünden bize ygtyýarlyk berende, Oňa ýüzlenip, dileg edýänlerimiziň her birine Ol akyldarlyk we öňden görüjilik ukybyny berýändir. Meniň pikirimçe, bu ata-ene sylaglaryny dogry ulanmaklygyň mysaly Merýemiň durmuş tejribesi bolup durýandyr.
Siziň hyzmat edýän adamlaryňyzyň ykballary babatda öňden görüjilik sylagyna we akyldarlyga eýe bolmagyňyz üçin birnäçe şertler gerekdir. Birinjiden, siz hyzmatkäriň ýüregine eýe bolup, özüňiziň hyzmat edýän adamlaryňyzy çyn ýürekden söýüp, olar hakda alada edip, olara diňe ýagşylyk dilemekligi başarmalysyňyz. Diňe şeýle şertde siziň ýüregiňiziň niýeti Hudaýyň ýüreginiň niýeti bilen sazlaşyga girýändir. Ikinjiden, bu ýolda siz ençeme gezek Hudaýa kömek bilen ýüz tutup, Oňa ynanmaly bolarsyňyz. Ýene-de, size syn etmek we oýlanmak ukyby gerek bolar. Eger siz özüňiziň hyzmat edýän adamlaryňyzy söýýän bolsaňyz, onda olara üns bilen syn ediň, görenleriňiz hakda oňatja oýlanyň we geljekki ädimler hakda dileg ediň. Eger siz dogrudanam bir adam hakda alada edip, oňa syn edýän bolsaňyz, onda käwagtlar ol adamyň nähilidir bir sözleri ýa-da eden hereketleri, ol adam baradaky töwerekdäki adamlaryň pikirleri siziň ýadyňyza düşer. Onsoň birnäçe wagtdan soň Hudaý bu maglumatlaryň baryny tertipleşdirip we ulgamlaşdyryp başlamagy bilen ol adamyň ýüregine ýol tapmak üçin onuň pikirlerini we duýgularyny size açar.
Isa hakdaky öz aladalarynda Merýem bilen Ýusup hemişe Hudaýa kömek üçin ýüzlenýärdiler. Merýem Isa degişli bolan we Onuň bilen bolup geçýän ähli zatlara üns bilen syn edýärdi.
Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy.
Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy.
Merýem Oglunyň durmuşyndaky her bir wakany belläp, ýadynda saklaýardy we ýüreginde goraýardy. Ol ygtyýarlyga eýe bolanlara berilýän akyldarlygyň bütin dolulygyna eýedi.
Öz çagalaryňyzy dogry ýola salmak, olary diňlemek we olaryň daş-töwereklerinde bolup geçýän ähli zatlary görmek, geljekde gerek bolup biljek ähli zatlara üns berip, ýadyňyzda saklap bilmegiňiz üçin gaty wajyp bolan öňden görüjilik we akyldarlyk ýaly sylaglary Hudaýyň bermegi üçin Oňa dileg ediň.
Köplenç biz hut şeýle-de hereket edýändiris. Biz öz çagalarymyzy bilýäris, olaryň gylyk-häsiýetleri şeýle bir oňat welin, hatda gözümizi açman durup olaryň hut şu pursat näme bilen meşguldyklaryny bilýändiris, agyzlaryny açyp ýetişmänkä, olaryň näme jogap berjekdiklerini-de bilýändiris. Aýdylyşy ýaly, ene öz çagasyny «ýeňsesinden» tanaýandyr. Bularyň bary oňat, emma men başga zat hakda diýýärin, men has uly zat — bizi bu has inçe serhetlerden çykaryp, Hudaýyň işine girizýän zat hakda gürrüň edýärin.
Merýem çopanlaryň gürrüňlerini oňat ýadynda saklapdy; ol on iki ýaşly Isanyň ybadathanada aýdan sözleriniň üstünde oýlanypdy we ähli eşiden we gören zatlary hakda dileg edýärdi, çünki bularyň bary Hudaýyň niýeti bilen gönüden-göni baglydy. Merýemiň öz Oglundan gözüni aýyrman, Oňa syn edendigine seretmezden, onuň gulagy hemişe Hudaýa gönükdirilendi.
Biz öz çagalarymyzyň ýüreklerinde we durmuşlarynda bolup geçýän zatlaryň manysyna hemişe düşünip bilýän däldiris, emma Hudaý baryna düşünýändir. Şol wagt Merýem entek çopanlaryň beren gürrüňleriniň manysyna doly düşünmeýärdi, oňa entek Isanyň ybadathanada aýdan sözleriniň manysy aýan däldi. Onuň anyk bilen ýeke zady — bu bolup geçýänleriň gaty wajyplygydy we şonuň üçin hem ol seredýärdi, diňleýärdi we oýlanýardy, ýadynda saklap, gizlin netijeler çykarýardy. Bularyň baryny öz işini ýerine ýetimegi üçin Hudaýyň bellän wagtynyň geleninde, ulanyp bileri ýaly saklaýardy.
Indiki gezek, siziň çagaňyz garaşylmadyk (oňat ýa-da erbet) söz aýtsa ýa-da hereket etse, dessine netije çykarmaga howlukmaň. Munuň deregine gulagyňyzy Hudaýa dikip, dilegde oýlanmaga başlaň. Hudaý peýda bolan ýagdaýyň sebäbini ýa-da çaganyň nädogry pikirleriniň çeşmesini size görkezer, belki-de, çagaňyzyň käbir täsin sylagynyň bardygyny size açar we geljekde ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň ýolunyň nähili bolmalydygyny size aýan eder. Şeýle-de, siziň ýygnan maglumatlaryňyzy sizi terbiýelemek işiňizde ruhlandyryp, goldamak maksady bilen siziň ata-ene başarjaňlygyňyzy kämilleşdirmek üçin ulanyp biler.
Meniň bir dostum özüniň kiçi ogly bilen gatnaşyklaryndaky kynçylyklara duçar boldy. Oglany oňat we alada ediji edip terbiýelemek üçin sarp eden ähli synanyşyklary puçdy: bir pursatdan başlap, oglan birden özüni erbet alyp baryp başlady we hemişe gulak asmazlyk edýärdi. Bu ýagdaýyň kän dowam etmeýändigine seretmezden, oglanyň özi bireýýäm özüni «erbetleriň» hataryna goşupdy.
Bir gezek kynçylygyň çözgüdini agtaryp, birnäçe günki güýçli edilen dileglerden soň, kakasy öz otagynda işläp otyrdy. Goňşy otagda bolsa onuň iki ogly rollar boýunça bir oýun oýnaýardylar. Oňatja gulak asyp durup, kakasy erbet oglunyň «garagol oglanyň» roluny oýnaýandygyna düşünýär we ogly bu roly gaty gowy oýnaýardy. Birden bary öz ýerine düşdi: uly ogly hemişe özi üçin oňat gahrymanyň roluna alýardy we şeýdip, kiçi dogany üçin hiç hili saýlaw galdyrmaýardy. Kakasy birden göz öňüne getirilýän «garagol oglanyň» rolunyň dogrudanam öz oglunyň häsiýetine erbet täsir edip başlandygyna düşünýär!
Ogly bilen çynlakaý gürrüňden we olaryň oýunlaryny derňemekden soň oglan çaltlyk bilen oňat tarapa üýtgäp başlady. Ogluna bolan söýgi, Hudaýa dileg bilen ýüzlenmek, şeýle-de, ünsli syn etmek, diňlemek we bolup geçýän wakalaryň üstünde oýlanmak çylşyrymly kynçylygy çözmäge kömek etdi.
Isanyň çagalyk ýyllarynyň içinde Merýemiň öz ýüreginde saklap gelenleriniň bary Ogly ulalandan soň oňa gerek boldy. Isanyň ejesi bilen doganlarynyň Onuň köpçülikleýin hyzmatyny goldamandyklary hakynda Injil şaýatlyk edýär (Markus 3:20–21, 31–35; Ýahýa 7:1–9 seret). Ençeme ýyllardan soň bireýýäm mesihi bolan Merýem Ellinji gün beýleki imanlylar bilen bile ýygnanyşypdy we şonda olara Mukaddes Ruh inipdi. Merýemiň öz ýadynda berk saklap gelenleriniň bary Isanyň dogrudanam Hudaýyň Ogly we Halasgärdigi hakynda aýdýardy. Merýemiň bütin ömründe oňa gelýän gizlin pikirleri Hudaý bir bütewilige birikdirmäge oňa kömek eden bolsa gerek.
Siz hem öz çagalaryňyzy terbiýelemek işinde bu täsin sylagy ulanyp bilmegiňiz hakynda dileg edip, Hudaýdan kömek soraň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ata-enelere öňden görüjilik we akyldarlyk gaty wajypdyr. Käwagtlar gödeklik, gahar we çaganyň keýpiniň üýtgemekligi ata-eneler tarapyndan seýrek bolýan ýagdaýlar hökmünde kabul edilýändir. Ýöne iş ýüzünde bolsa, munuň arkasynda kesgitli kanunalaýyklyk bardyr. Diýeliň, siziň dört ýaşly ogluňyz agşam sagat bäşler töweregi asla ýan bermezek, diýen etmezek bolýar, çünki şol wagt onuň ganyndaky şekeriň derejesi pese düşýär. Baglanyşygy aýan edip, ony göz öňünde tutmagyňyz üçin, şeýle ýagdaýlary ýatda saklamaga (ýa-da ýazyp almaga) synanyşyň. Şeýle ýagdaýlarda kynçylygy çözülmekligi gaty ýönekeý bolup bilýändir — mysal üçin, çaganyň sagat 16:45-de garbanmagyny teklip etmelidir.
48-nji bap
Merýem, Ýusup, Isa we sinagoga:
Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy.
Merýem bilen Ýusup ýahudy kanunyny we ybadathanada sežde etmek hem-de sinagoga barmak bilen bagly bolan öz döwürleriniň däplerini berk ýerine ýetirýärdiler. Olar muny Isa-da öwredipdiler. Olar Hudaýa bagyş etmek däbini amala aşyrmak üçin Ony ybadathana alyp geldiler; olar Nasyradan Iýerusalime çenli ýetmiş kilometrden hem artyk ýoly geçip, her ýylky hökmany baýramçylyga geldiler. Isa sinagogada resmi dini bilimi aldy we ýokarda getirilen aýatdan mälim bolşy ýaly, ulalanyndan soň her sabat güni sinagoga gatnamagyny dowam etdirdi.
Eger kimdir biri bir wagt ybadathanadaky bu ýygnanyşyklary ondaky ikiýüzliler sebäpli goýbermäge haky bolan hem bolsa, onda ol diňe Isady. Ol ilkinji bolup
Merýem bilen Ýusup Köne Ähtde aýratyn dini baýramçylyklara we hemişeki Hudaýa sežde etmelere neneň uly many berilýändigini bilýärdiler we olary gymmat görýärdiler. Çünki olar ybadathanada we sinagogada Mukaddes Kitaby öwrenýärdiler we öýlerine dolanyp gelip, ony Isa-da öwredýärdiler. Mukaddes Kitapda berlen mysallara eýerip, olar bu tejribäni bize-de geçirdiler.
Durmuşy, medeni we ruhy taýdan köp zatlaryň düýpgöter üýtgändigine seretmezden, Hudaýa sežde etmekligiň esasy maksatlary we mertebelikleri, şeýle-de, oňa wagtal-wagtal gatnamaklyk talaby-da öňküligine galdy.
Ine, bu hakda Ýewreýlere ýazylan hatyň awtory näme diýýär:
Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň.
Bu Mukaddes Kitabyň mesihileriň wagtal-wagtal bilelikde ýygnanyşmaklaryny aýdyň we anyk nesihat berýän ýeke-täk ýeridir. Şeýle ýagdaý kädir adamlary bu nesihatyň kän wajyp däldigini tassyklamaga höwes döretdi. Iş ýüzünde bolsa, şu tassyklamadan başga hakykatdan daş bolan zady tapyp bolýan däldir. Bar gürrüň şundadyr, ýagny Täze Ähtiň awtorlary Hudaýa sežde etmek maksady bilen bilelikde ýygnanyşmagy öz-özünden düşnükli hasaplapdyrlar welin, hatda bu hakdaky görkezmäni ençeme gezek gaýtalamak hem islemändirler.
Biziň üçin mysal bolan Isa ybadathana we sinagoga gatnap, jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmagy endik edinipdi. Resullaryň işleri kitabynda Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy astynda şägirtleriň nädip hoş habary ýaýradandyklary we mesihileriň bilelikde ýygnanyşyp bilmekleri üçin ýygnaklary döredendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Pawlus hatda özüniň Isa ynanyp, özüni bütinleý hoş habary ýaýratmaklyk hyzmatyna bagyş edip, hemme ýerlerde ýygnaklar döredeninden soň hem sinagoga gatnamagyny dowam etdirdi. Täze Ähtiň köp bölegi dürli resullar tarapyndan ýygnaklara ýazylan hatlardan durýandyr. Bu hatlarda ýygnagyň gözegçilerini, çopanlaryny we beýleki hyzmatkärlerini bellemegiň tertibi, ýygnakda sežde etmegiň düzgünleri, her bir mesihiň öz sylagyny ýygnaga hyzmat üçin nädip ulanyp bilýändigi, ýygnagyň maddy serişdeleri, ýygnagyň birligi, ýygnagy döretmek, hyzmatyň dürli görnüşi, ýygnagyň syrly däpleri, hyzmatyň wagtal-wagtal bolmagy, ýygnak ýolbaşçylarynyň arasyndaky tertip-düzgün, toba etmedik günäkärleri ýygnakdan kowmak hakda we ýygnagyň ösüşi hakda aýdylýandyr. Şeýle-de, hatlaryň awtorlary ýygnagyň dürli agzalarynyň deňhukuksyzlygyndan gaça durmaga çagyrýarlar.
Mukaddes Kitabyň soňky kitaby tähe äht döwründäki ýedi ýygnaga ýazylan hatdan başlanýar we onda Isanyň Öz Ýygnagynyň yzyndan tiz wagt aralygynda gaýdyp geljekdigi hakyndaky habar bardyr. Aslynda ýygnak we ýygnaga gatnamak Hudaýyň niýeti däl diýen netijä gelmek üçin (hakykatda bolsa, bu Onuň niýetiniň iň wajyp bölegidir), bütin Täze Äht taryhyny we bütin Täze Äht hakykatyny öçürip taşlamak talap edilerdi.
Mesihiler bolan biz ýygnagy emele getirýäris we bu imanlylaryň ýygnanyşýan ýöne bir jaýy ýa-da binasy däldir. Täze Ähtiň düşündirişi boýunça ýygnak — bu «imanlylaryň üýşmeleňi», ýagny bu adyň özünde hemmeleriň gatnaşmaklyk pikiri göz öňünde tutulýandyr.
Bir wagyzçynyň aýdyşy ýaly, garaždaky oturgyjyň seniň maşyn bolmagyňa kömek edenine çenli, ýygnagyň oturgyjy senden mesihini çalt etmez. Käbirleri ýygnaga gatnamagyň hökmany däldigi baradaky pikiri ýaýratmak üçin bu dilewar aýdylan şygardan peýdalandylar. Belki-de, munda bir zatlar bardyr. Emma eger sen mesihi bolsaň, onda sen ýygnagyň bir bölegisiň we Hudaý seniň ol ýerde bolup, öz ýygnagyňyň durmuşyna gatnaşmagyňy isleýändir.
Ata-eneler bolan biz Hudaýyň ýygnagy kesgitli maksat bilen döredendigini bilmelidiris. Ýygnagyň maksady — Hudaýyň Öz çagalarynyň ruhy ösüşleri we olaryň ruhlandyrylmaklary üçin, şeýle-de, Hoş Habaryň ýaýradylmagy üçin şertleri döretmekdir. Eger biz öz çagalarymyzy Hudaýyň erkine laýyklykda terbiýelemegi we olaryň durmuşlarynda Onuň patalaryny görmek isleýän bolsak, onda biz Merýem bilen Ýusubyň mysalyna eýerip, Hudaýyň tabşyryk berşi ýaly, çagalarymyzy ýerli ýygnagyň durmuşyna gatnaşmaklary hakynda alada etmelidiris.
Birnäçe soraglara seredip geçeliň. Bu soraglaryň jogaplary öz çagalaryňyzy ýygnagyň durmuşyna gatnaşdyrmaga kömek edip biler.
1.
Merýem bilen Ýusup Hudaýyň Sözüniň öwredilýän imanlylar ýygnagyna gatnaýardylar.
Elbetde, şu gün bize seredende, Isanyň ata-enesi ýygnagy saýlamak meselende has çäklidiler, emma şonda-da bu biziň olardan öwrenmegimize päsgel bermeýär. Olar kesgitli günler ybadathana baryp, wagtap-wagtal sinagoga gatnaýardylar. Olar ol ýerde Hudaýa tabyn bolýardylar, Onuň Sözüni öwrenýärdiler we ýygnagyň beýleki agzalary bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýardylar. Ol ýerde imanyňy berkitmek we ruhy taýdan ösmek üçin ähli şertler bardy.
Öz öňümizde duran maksatlaryň manysyna has çuňrak aralaşmaga synanyşalyň. Bizi gyzyklandyrýan ýygnak Hudaýyň Sözüniň Onuň ylhamydygyna ynanýarmy? Ol ýygnak öz agzalarynyň durmuşda ulanyp bilerleri ýaly edip, Hudaýyň Sözüni öwredýärmi?
Iş ýüzünde ýygnagyň: hakykaty ýoýýan, hakykaty ezýän we hakykaty öwredýän görnüşi bardyr. Birinji topardan daş duruň, çünki şeýle ýygnaklar mesihi imanynyň esasy taglymatlaryny kabul etmeýärler we hatda Isanyň Hudaýlyk tebigatyny ýa-da Hudaýyň Üçbirlikdigini, ýa-da Isanyň gurbanlygyny Göklerdäki Ata eltýän ýeke-täk ýoldugyny inkär edýändirler. Bu ýygnaklar hemişe hakykatyň monopoliýalygyna bäsdeşlik edýändirler ýa-da her kimiň öz hakykatynyň bardygyny tassyklaýarlar, öz ýygnagyňa degişliligi bolsa Isa arkaly Hudaý bilen şahsy aragatnaşyklary gurmaklykdan ileri tutýarlar.
Hakykaty ezýän ýygnaklar adatça ýaşdyrlar we özleriniň hatarlaryny giňeltmäge şeýle bir dyrjaşýarlar welin, hatda özleriniň taglymatlaryny diňleýjileriň tagamlaryna uýgunlaşdyryp başlaýandyrlar, olaryň diňlemek isleýän zatlaryny aýdýandyrlar. Bu toparyň beýlekileri bolsa bireýýäm gurnalan jemgyýetler, tanymal mesihi ugurlarynyň agzalary, emma soňky wagtlar Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine bolan imandan gaçanlardyr (Timoteos 3:16 seret). Eger siz olaryň taglymatlarynyň we «ýygnak» syýasatynyň «häzirki döwre laýyk gelýändigini» görseňiz, ýagny olaryň Mukaddes Kitaby hasaba alman, ýagşy we ýaman hakda häzirki jemgyýetiň ideologiýasyny serpikdirýän bolsa, onda mümkin boldugyndan çaltlyk bilen ýakyndaky çykalga tarap ylgaň.
Ýygnaklaryň köpleri esasan üçünji topara degişlidirler. Öz taglymatlaryndaky, däpleriniň aýratynlyklaryndaky we imanyň esasyny gozgamaýan ikinji derejeli soraglardaky deň gelmezliklere seretmezden, olaryň bary mesihiligiň esasy düzgünlerine düşünmekde birdirler. Garaýyşlarynyň dürli-dürli bolýandyklaryna seretmezden, olar beýleki jemgyýetleri taýýarlyk bilen mesihi ýygnagyna kabul edýärler. Şeýle ýygnaklar Hudaýyň Sözüniň güýjüne we onuň adamzat durmuşyny özgertmäge ukyplydygyna ynanýarlar, adamlaryň durmuşlarynda ulanylmagy üçin, olar ony wagyz edýärler (Efesliler 4:5).
Eger Mukaddes Kitabyň sözi biziň bütin maşgalamyzy ýygnagy alyp barmagy ündeýän bolsa, eger ol bu jemgyýetçilik ýörişiň esasy maksady bolan Mukaddes Kitaby öwrenmeklige, onuň parzlary boýunça ýaşamaklyga we Hudaýa sežde edýän jemagatyň beýleki agzalarynyň goldawlaryndan peýdalanmaga görkezýän bolsa, diýmek, biz Hudaýa ynanyp, Onuň Sözüniň öwredilýän ýerine gatnamalydyrys. Islendik beýleki netije dogry pikire garşy çykýandyr.
2.
Merýem bilen Ýusup özleriniň ýerli ýygnagyndaky Hudaýa hyzmata gatnaşdylar.
Eger ýokarda aýdylanlaryň baryndan soň hem siz ýygnagy saýlamak meselesinde belli bir netijä gelip bilmeýän bolsaňyz, käbir goşmaça ýagdaýlara üns beriň.
Jemagat. Merýem bilen Ýusup sinagoga gatnaýardylar we bütin maşgalasy we dostlary bilen Iýerusalim ybadathanasyna syýahaty amala aşyrýardylar. Merýem bilen Ýusup özleriniň dini jemagatynyň agzalary bolan adamlaryň arasynda ýaşadylar. Nätanyş adamlaryň arasynda ruhy taýdan ösmek gaty kyndyr we hepdede diňe bir gezek duşuşýan adamlaryňyzyň goldawlaryna bil baglamak kyndyr.
Eger sizde agzalary Mukaddes Kitap boýunça ýaşaýan, siziň, aýalyňyzyň we çagalaryňyzyň dostlary we tanyşlary bar bolan mesihi ýygnagyna gatnamaga mümkinçilik bar bolsa, onda bu ýer siziňki bolsa gerek. Üns bereliň, ýagny şeýle ýygnak hemişe öýümiziň ýanymyzda bolýan däldir. Biziň günlerimizde edil Isanyň döwründäkisi ýaly syýahat etmek kynçylyk däldir, şonuň üçin häzirki zaman ýygnaklaryna hemişe diňe ýakyn goňşular gatnaýan däldirler. Siziň ýygnagyňyz hökmünde ilki bilen sizi tanaýan we siziň bilen gürrüňdeşlige açyk bolan ýer bolmalydyr.
3.
Merýem bilen Ýusup hiç haçan hem çagalaryny terbiýelemegiň jogapkärçiligini ýygnagyň üstüne atmaga synanyşmadylar.
Çagalara Hudaýyň Sözüniň hakykatlaryny öwretmek we olaryň ruhy taýdan terbiýelenmegi — ýygnagyň däl-de, ata-eneleriň borçnamalarydyr. Eger siz elmydama Mukaddes Kitap hakykatlaryna eýerýän, berk gatnaşyklaryň bar bolan, maşgalaňyzyň agzalarynyň özlerini oňat duýýan ýygnaga bireýýäm gatnaýan bolsaňyz, emma ol ýerde çagalary öwretmek gowşak gurnalyp, özüňiz hem gerek bolan kömegi almaýan bolsaňyz, onda başga ýygnaga geçmäge howlukmaň, ilki bilen özüňiziň bu ýygnagyňyzda bir zatlary özgertmäge çalşyň. Bu soraglara jogapkär bolanlar bilen gürrüňdeş boluň, olara öz kömegiňizi teklip ediň we beýleki agzalaryň kömeklerine eýe bolup, ýagdaýy özgertmegiň ýollary hakda oýlanyň. Köplenç çagalar üçin okuw programmalary bu ugurda üstünlikli işläp bilýän işgärleriň we meýletin kömekçileriň ýoklugy sebäpli kämil däldir.
Bu ýygnakda Mukaddes Kitaby öwrenmek boýunça çagalar toparynyň barmy ýa-da ýoklugy bilen gyzyklanyň. Okuw programmasynyň kämilleşdirilmäge mätäç dälmi ýa-da ýoklugy bilen gyzyklanmaga synanyşyň we ýygnagyň ýolbaşçylary bilen özüňiziň açyşlaryňyzy paýlaşyň. Emma özüňiziň kömek etmek islegiňiz bilen gelendigiňizi ýadyňyzda saklaň, şonuň üçin hem bu soragda siziň arkadaşlaryňyz sabyrlylyk we töwerekdäkiler hormatlamak bolmalydyr. Gaty tankytlaýjy usul — şowsuzlyga bolan göni ýoldur.
4.
Merýem bilen Ýusup şertleşip bilýärdiler we bir-birleri bilen doly ylalaşykda, bilelikde hereket etdiler.
Bu kynçylyk şeýle bir çylşyrymly däl: bilelikde şu baby okaň we ylalaşyga geliň. Eger siz Hudaýyň Sözüne esaslanyp, ýygnagyň maksadyna dogry düşünýän bolsaňyz, onda siziň kynçylygyňyz göz-görtele bolmalysyndan artyk ulaldylandyr. Sorag siziň çagalykda gatnan ýa-da ýanýoldaşyňyz üçin amatly bolýan ýygnaga gatnamakda däl-de, şol anyk ýygnakda özüňiz üçin wajyp bolan goldawy alýarsyňyzmy ýa-da ýok we onda öz çagalaryňyza Hudaýyň Sözüni dogry düşündirýärlermi ýa-da ýoklugyndadyr. Ýanýoldaşlaryň ikisi hem ylalaşyga gelip, özlerniň ileri tutmalaryny «saýlawyň talaplary» atly sanawyny iň soňuna geçirmelidirler.
5.
Merýem we Ýusup öz çagalaryny däl-de, Hudaýy diňlediler.
Şeýle sorag başga bir: «Eger meniň çagam dişini arassalamak islemeýän bolsa ýa-da öz jigisine erbet gatnaşykda bolsa, näme etmeli?» diýen soraga meňzeşdir. Ýygnaga gatnamak Hudaýyň niýetiniň bir bölegidir. Eger biz Hudaýa ýaranmak isleýän bolsak, onda bizde saýlaw ýokdur. Entek siziň çagalaryňyz ýaşka, olarda ýygnaga gatnamalymy ýa-da ýok diýen mümkinçilikler bolup bilýän däldir.
Beýleki tarapdan, bu soragda gaty berkligi görkezip, şertsiz tabyn bolmaklygy talap etmegiň geregi ýokdur. Çagaňyz bilen ýene bir gezek gürleşmäge synanyşyň we ýygnagyň näme sebäpden özüňiz üçin şeýle uly mana eýedigini ýene bir gezek düşündiriň. Ýygnaga gatnamak islemeýändiginiň sebäpleri bilen gyzyklanyň we gulagyňyzy Hudaýa dikip, çagaňyzyň jogaplaryny üns bilen diňläň. Çagalar üçin özlerini şeýle alyp barmak häsiýetlidir we käwagtlar olaryň garşylyklary iň adaty zatlardan gelip çykýandyr: dynç güni çaganyň irden turasy gelmeýär ýa-da Mukaddes Kitap sapagy çaga üçin içgysgynç bolýar, ýa-da onuň deň-duşlary bilen gatnaşyklarynda kynçylyklar bolmagy mümkin. Sebäbine düşünip, kynçylygy çözmäge girişiň. Belki-de, beýleki synpda okamak çaga üçin gyzykly bolar ýa-da ony has taýýar bolan synpa geçirmek mümkindir; belki-de, bar kynçylyk onuň öz deň-duşlary bilen gatnaşyklaryndadyr — onuň dynç güni mekdebindäki dostlaryny öýüňize çagyryp, bu gatnaşyklary oňatlaşdyrmaga kömek ediň.
Biziň hemmämiz hem çagalar üçin gök önümleriň peýdalydygyny bilýändiris we täze, işdäli, tagamly naharlary taýýarlamak üçin çagalaryň has söýýän gök önümlerini saýlamaga çalyşýandyrys. Edil şuňa meňzeşlikde, çaganyň ýygnak durmuşyny hem gyzykly edip bolýandyr. Ýygnakdan öýe gaýdanyňyzda, ýol ugrundaky çaýhana girmegi endik ediň we öýe barýan ýolda olaryň sesli oýunlary oýnamaklaryna rugsat beriň. Dynç gününi çagalar üçin mümkin boldugyndan şatlykly we ýakymly etmäge synanyşyň.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ýygnaga gatnamak — biziň durmuşymyzyň iň wajyp bölegidir, çünki iman işsiz ölüdir. Eger siziň maşgalaňyz her dynç güni irden ýygnagyň durmuşyna gatnaşýan bolsa, onda bu çaga üçin tebigy bolar. Eger siz ýygnaga diňe käwagtlar gatnaýan bolsaňyz, ýygnaga wagtal-wagtal gatnamagyň wajyplygyna çagada şübhäni siziň özüňiz döredýänsiňiz. Ýygnak siziň üçin Hudaý bilen gürrüňdeşligiň ýeri bolanda (beýleki imanlylar bilen gürrüňdeşlik bolsa, munuň bir bölegi bolýanda), ýygnaga gatnamak agyr borçnama bolmagyny bes edip, arzuwly we kän garaşylan waka bolup galýandyr.
49-njy bap
Isa we çagalar:
Isa çaga bolmagyň we Hudaýyň ýollaryna eýerip ulalmagyň, üçünji Hossara eýe bolmaklygyň nämedigi Özüniň Hususy tejribesinde bildi. Oňa çagalary terbiýelemek meselesine degişli bolan Hudaýyň maksatlary we niýetleri mälimdi. Ol Hudaýyň güýjüni çuňňur duýýardy we Onuň çagalary neneň güýçli söýüp, olaryň durmuşlaryna gatnaşmak isleýändigini bilýärdi.
Her gezek Isanyň ýanynda çagalar bolanda, Ol olaryň Hudaý üçin neneň wajypdyklaryny, olary Onuň ýanyna getirmelidiklerini, olary günäden we bu dünýäniň täsirinden goramalydyklaryny, olara öwredip, olary terbiýelemelidikleri hakynda aýdardy.
Bir gezek Onuň agzyndan elhenç sözler çykdy — bu sözler çagalary Hudaýdan daşlaşdyrmaga synanyşýanlaryň baryna aýdylan duýduryşdy:
Kim-de Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbünde gark bolmak onuň üçin has gowy bolar.
Isa şeýle jenaýatçynyň ýöne bir deňze taşlanmagyny belläp geçmeýär (jeza bermegiň gadymy wagtlardaky görnüşi), eýsem Ol bu suraty dogrudanam çynlakaý gorkuzyjy wakalar bilen hem doldurýar: jenaýatçynyň boýnuna agyr degirmen daşy asylgy we bu degirmen daşy şeýle bir agyr welin, hatda adam ony ýerinden hem gozgap bilmeýär. Bu degirmen daşy adamyň aýagyna bagly bolman, boýnuna asylgydyr, jenaýatçyny bolsa ýöne bir suwa gark etmän, eýsem deňziň düýbüne taşlamaly. Isa öz pikirini ýiti we wagyzly sözler bilen çekip bilýärdi. Onuň görkezen häsiýeti bu gezek hem hemmeleriň ünslerini çekdi.
Onsoň Isa ýene-de çagalar baradaky gürrüňe dolanýar:
Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň, çünki size aýdýaryn, bularyň Gökdäki perişdeleri Meniň Gökde bolan Atamyň elmydam ýüzüni görýärler. Ynsan Ogly ýitirim bolanlary halas etmäge gelendir. Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda galdyryp, azaşanyň gözlegine çykmazmy? Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem gaty begener. Şeýlelikde, bu körpelerden biriniň heläk bolmagy Gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.
Isa Öz ýanyna perişdeleriň çagalary getirmeklerini Hudaýyň tabşyrandygy hakynda aýdýar. Emma eger biz diňe çagalarymyzyň «ýöne çagalardyklary» üçin hormata eýe däldirler diýip, olaryň isleglerinie we talaplaryna ýeterli üns bermän, olary äsgermezlik edýän bolsak, onda olar hökman bizden daşlaşarlar. Ine-de, çopan öz sürüsini galdyryp, azaşan guzynyň, ýagny bireýýäm ulalan bu çagalaryň gözlegine çykýandyr we olary yzlaryna, Hudaýyň parzlaryna eýermegiň ýoluna dolandyryp getirmek isleýändir. Eger biz çagalarymyzy äsgermezlik etmegimizi bes edip, olaryň terbiýelerine jogapkärli daraşyp, olaryň çagalyklaryndan başlap Hudaýa gulak asmaklyga öwredip, hakyky ýoldan çykmazlaryna kömek eden bolsak, onda bary neneň ýeňil bolardy!
Millionlarça adamlary bireýýäm Isa üçin eýelemek başartdy we Hudaý Mukaddes Ruhuň güýji arkaly mundan beýläk hem her bir ýiten guzyny agtarmagyny dowam etdirer. Süleýmanyň tymsallary 22:6-ny ýadymyza salalyň, bu ýerde adamyň hakykata gulak asmaklykda terbileýelenmän, Hudaýyň ýollaryndan hem ýöremeklige öwredilmäninde, onuň bu dünýäniň kanunlaryna öwredýändigi hakynda anyk aýdylýandyr. Hudaý bizi şeýle ýaradypdyr welin, özümizi çagalykda nähili terbiýelän bolsalar, şeýle-de alyp barmaklyga ýykgyn edilendiris we şonuň üçin hem Isa bilen uly ýaşda duşuşan adamlar täzeden öwrenmeklige, ýagny başgaça pikirlenmäge, başgaça jogap bermäge, duýmaga we başgaça hereket etmäge öwrenmelidirler (Rimliler 12:2 seret).
Adamy berk kök uran nädogry hereketlerini düzetmeklige synanyşmakdan çagany ilki başdan başlap, Hudaýyň Sözi boýunça terbiýelemek hemişe gaty kyndyr. Çagalary terbiýelemegiň Hudaýyň niýetiniň hemişe iň wajyp bölegi bolup durýandygyny Isa bilýärdi. Uly ýaşda hakyky ýolda azaşanlary halas etmeklik bolsa — bu, şeýle diýip bolýan bolsa, ikinji derejeli meseledir.
Ata-eneleriň ähli synanyşyklaryna seretmezden, çagalar elmydama nädogry saýlawlar edýändirler. Eger biz öz mümkinçiligimizi sypdyran hem bolsak, täzeden başlamak üçin hiç haçan hem giç däldir. Biz Isanyň taglymatyna bütin çynlakaýlyk bilen seretmeklige borçludyrys, çünki Onuň kömegi bilen biz öz çagalarymyzy terbiýeläp we ilkinji nobatda, olara günäden daş durmaklygy öwredip bilýändiris.
Isanyň haçan has güýçli gaharjaň bolandygy baradaky soragy bereniňde, köpler Onuň ybadathanada satyjylary we pul çalyşýanlary kowanyndaky wakany ýatlaýarlar. Emma Markus 10:13–16-ny okap, biz ýene bir wakany görýäris — ol ýerde Isanyň ýanyna çagalary getirýärler.
Isa we Onuň şägirtleri Gökleriň Patyşalygy hakyndaky habary ýaýradýardylar. Şägirtler köprägem tertibe seretmek bilen meşgul bolup, Mugallymyň daşyny gurşap barýan märekäni saklamaga synanyşýardylar. Käbirleri Isanyň ýanyna çagalaryny getirmek islediler, emma şägirtler munda Mugallymyň gymmatbaha wagtynyň biderek sarp edilmegini gördüler. Çünki Isa ulular üçin şeýle gaty wajyp işi ýerine ýetirmek üçin geldi, şeýle dälmi?
Ýok, beýle däl!
Şägirtleriniň Öz ýanyna ata-eneleriň alyp gelen çagalaryny goýbermeýändiklerini görüp, Isa gaharlandy. «Wah, olar neneň näzik! Goýuň, olar Meniň ýanyma birsalymlyk gelsinler we Men olar bilen biraz oýnaryn», — ýok, çagalary göreni dessine, Onuň aýdan sözleri şeýle bolmady! Ol gazaba münüp, gaty gaýga batdy. Iňlis terjimeleriniň birinde şu wakadaky Isanyň hereketlerini beýan etmek üçin
Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
Isa Hudaýyň Özüni her bir adamyň çagalyk döwründe tanap, şol pursatdan başlap-da, Onuň hakykatynda ösmegini isleýändigini bilýärdi. Isanyň aýdanlarynyň manysy şeýle: How, siz näme edýärsiňiz? Biz Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýäris we ine, Hudaýa iň ýakyn bolanlar geldiler, siz bolsa olary kowýarsyňyz?!» Onsoň Ol sözüni dowam etdirip:
Bu aýat adatça uly ýaşly adamlary edil çagalar ýaly mekirsiz we bütin ýürekleri bilen iman etmeklik maksady bilen ulanylýar. Ýöne şeýle düşündiriş Isanyň sözleriniň manysyny gysgaldýar, çünki Ol bu ýerde ulular hakda däl-de, çagalar hakda gürrüň etmegini dowam etdirýär. Isa: Hudaý bizi şeýle ýaratdy welin, ýagny biz Onuň ýanyna çaga bolup gelmelidiris diýip belläp geçýär. Şeýle-de, uly ýaşly adamlaryň Hudaý bilen duşuşmaklary üçin aňlarynyň kesgitli «täzeden programmirlemäniň» gerek bolýandygy sebäpli, biz çagalara meňzemelidiris.
Uly ýaşly adamlaryň ähli ýerlerden Özüne gelmekleri Hudaýa ýaraýandyr, emma biziň çagalykda Onuň ýanyna gelmegimiz bolsa, Oňa has-da ýaraýandyr. Hudaýyň Patyşalygy biziň çagalarymyza degişlidir we biz hem edil öz çaglaryny Isanyň ýanyna getiren şol ata-eneler kimin hereket etmelidiris.
Biziň barymyz öz çagalarymyzyň halas bolmaklary üçin dileg etmelidiris we olaryň bu maksada tarap öňe gitmeklerine kömek etmelidiris. Şunuň bilen birlikde, olar geljege umyt bilen bakyp, öz ýürekleri bilen Isa ýanaşyp, Ony Öz Hudaýy we Halasgäri hökmünde boýun aljak günlerine garaşmakda ruhlandyrmalydyrys. Isanyň hemmeler üçin ölendigine seretmezden, biziň her birimiz bu sylagy kabul etmegi çözmelidiris — hawa, çagalarymyz bilen bilelikde, her kes özi üçin bu karary kabul etmelidir (Rimliler 10:9–10 seret).
Ine, çagalaryňyzy bu güne taýýarlamakda peýdaly bolup biljek birnäçe iş ýüzündäki maslahatlar:
1.
2.
3.
4.
5.
Günä biziň her birimizi Hudaýdan aýyrýandyr. Günäniň muzdy — ölüm. Isa günäsiz bolandygy sebäpli, biziň üçin ölüp bildi. Emma Isanyň bütin dünýäniň günäsi üçin ölendigine seretmezden, Onuň halas bolmak sylagyny kabul edip-etmezlik kararyny biziň her birimiz şahsy taýdan kabul etmelidiris. Onuň bu sylagyny kabul etmek üçin, biz dilegde ýöne Onuň ýanyna gelip, biziň ähli günälerimizi Onuň bagyşlamagyny we Isanyň eden işi üçin bizi Öz perzentleri etmegini haýyş etmelidiris. Onsoň biz Hudaýyň Özüni gün-günden gitdigiçe çuňňur tanamaga kömek etmegi we durmuşda Onuň ýollary bilen gitmegimize kömek etmegi hakynda soraýandyrys (Rimliler 10:9–10 we Resullaryň işleri 2:38).
Hudaý üçin biziň sözlerimiz däl-de, ýüreklerimiz wajypdyr. Siziň çagaňyz öz ýüregini Isa üçin açanda, Ol dessine çaga üçin Öz gujagyny açýandyr.
Isa biziň hemmämiz üçin öldi we Ony kabul etmek bilen, biz garaňkylygyň patyşalygyndan Onuň Patyşalygyna geçýändiris. Bu geçişiň haýsy ýaşda bolup geçýändiginiň parhy ýokdur.
Emma Isa: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Gögüň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Ine, siziň çagalaryňyzyň soraglaryna dogry jogap bermäge kömek edýän birnäçe Mukaddes Kitap aýatlary:
Eger siziň çagaňyz Isany öz Halasgäri hökmünde boýun almaga taýyn bolsa, onuň ünsüni şu ýagdaýa çekiň: biz kimdir birinden ötünç sorap, ol adam bilen ýaraşmak isleýän bolsak, onda biz ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen gürleşmelidiris. Edil şuňa meňzeşlikde, biz Isanyň eden işine görä, Hudaýyň öz günälerimizi bagyşlap, Öz perzentleriniň hataryna kabul etmegini haýyş edenimizde, biz dileg bilen Oňa ýüzlenmelidiris. Çaganyň ýönekeý we düşnükli dileg bilen Hudaýa ýüzlenmegine kömek ediň. Onuň dilegi hut şu wagt halas bolma hakynda bilen hakykatynyndan ybarat bolmalydyr. Çagaňyzyň bu eden ädimi üçin onuň bilen bilen şatlanyň, emma munuň täsin maksat bolan Hudaýy tanamaklyga bolan ýoluň ilkinji ädimidigini düşündiriň.
50-nji bap
Petrus we Pawlus — nesillere nesihat berip:
Şu kitabyň girişinde Mukaddes Kitabyň bize çagalarymyzy terbiýelemek işinde uly kömek edip bilýän maslahatlardan we (hem oňat, hem-de erbet) mysallardan doludygyny belläp geçipdik. Indi siz bütin kitaby okap gutardyňyz we munuň dogrudygyna göz ýetirensiňiz diýip umyt edýärin. Dogrudanam, Mukaddes Kitaba näçe çuň aralaşdygymyzça, şonça-da ol ýerde ata-eneler üçin iş ýüzündäki kän maslahatlary tapýarsyň.
Bütin gürrüňiň dowamynda Hudaýyň Ybraýymy saýlap, onuň öz çagalarynyň Hudaýy söýüp, Onuň yzyna eýerijiler bolarlary ýaly edip terbiýe bermegi öwredendigi hakynda aýdylypdy. Hudaý Ybraýyma özüniň çagalary terbiýelemek hakdaky bilimlerini öz çagalaryna geçirmegi tabşyrdy, onuň çagalary hem öz gereklerinde, bu tejribäni soňky nesillere geçirip, wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň Ybraýyma beren ol arkaly ähli halklary patalamak wadasy ýerine ýetmelidi.
Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar. Dogruçyllyk hem adalatlyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin.
Hudaý Öz düzgünleri boýunça çagalary terbiýelemegiň wajyplygyny Ybraýymyň nesilleri hökmündäki ysraýyllaryň ençeme nesillerine ýadaman düşündirýärdi. Haçanda ýahudylar çagalary terbiýelemekdäki Hudaý düzgünlerine wepaly bolanlarynda, millet gülläp ösüp, köpşelýärdi; olar Hudaýdan daşlaşanlarynda, olaryň işleri puja çykýardy.
Hudaý Mukaddes Kitabyň awtorlarynyň ata-enelere berlen nesihatlary we ysraýyl halkynyň arasyndaky çagalary terbiýelemäge degişli bolan mysallaryň baryny ýazyp almaklaryny öňünden belläpdi. Hudaý bu mysallaryň baryny Merýem bilen Ýusubyň Mukaddes Kitaba laýyklykda öz ata-ene borçlaryny ýerine ýetirip bilmeklerini öwretmekde ulandy. Netijede olar Hudaýyň ýeke-täk Oglunyň Onuň erki boýunça terbiýeläp bildiler.
Çagalaryň terbiýelemek baradaky Hudaýyň Ybraýyma we onuň nesilleri bolan Ysraýyla beren parzlary soňy bilen ruhy Ysraýyla — mesihilere geçdi (Galatýalylar 6:16 seret). Eger günä batmaklyk bolmadyk bolsady, onda biziň Hudaýyň Sözüni ýetirmeli bolanlarymyzyň ýeke-tägi — bu biziň çagalarymyz bolardy. Isa ölende (Ol bolsa hemmeler üçin öldi), hasyl meýdany şeýle bir giňeldi welin, hatda ýitip barýan halklary hem öz içine aldy. Emma muňa seretmezden, mesihi ilkinji orunda Hoş Habary öz mirasdarlaryna ýetirmelidir. Munda başga-da, Hudaýyň ähli halklara pata bermek wadasynyň entek ýerine ýetmändigi sebäpli, çagalary Mukaddes Kitabyň kanunlary boýunça terbiýelemek — öňküsi ýaly bu wadanyň ýerine ýetmeginiň hökmany şertidir.
Çagalary Hudaýyň erkine gulak asyjylykda terbiýelemek ýygnaga gatnamakdan, ukudan we nahardan öňki dilegden, şeýle-de, Mukaddes Kitap gürrüňlerini okamakdan has uly zatdyr. Çünki bularyň öz-özi bizi bizi iň esasy maksada hiç-de ýakynlaşdyrýan däldir.
Ine, resul Pawlus täze äht ýygnagyna näme ýazýar:
Çagalarymyzy Hudaýyň ýoluna ugrukdyrmak — biziň borjumyzdyr. Mesihilik — bu biziň diňe iman edýänlerimiz bolup durýan däldir, — bu biziň özümiziň kimdigimizdir, has takygy: biziň pikirlerimiz we işlerimiz. Çagalarymyzy Hudaýyň ýollaryna ugrukdyrmak üçin, olara Hudaýyň Sözüni ýetirmek, Ýaşaýyş Kitabynyň (Mukaddes Kitabyň) dünýä hakda näme diýýändigini olara aýan etmek, olara pikirlenmegi, öz pikirlerini sözlerde beýan edip bilmegi we Onuň parzlaryna gulak asyjylykda ýaşamagy öwretmek wajypdyr. Belki-de, resul Pawlus ýokarda getirilen sözleri aýtmagy bilen, Süleýmanyň tymsallary Kitabynyň şu setirlerini ýadyna salandyr:
Bu pikir gaty ýönekeý: çagany Hudaýyň ýoluna öwrenişdir we ol uly ýaşyna ýetende, ol ondan çykmaz we ähli durmuş ýagdaýlarynda dogry saýlaw eder.
Ata-enesine gulak asmalydygyna we kanuny ygtyýarlyklara tabyn bolmalydygyna düşünýän çaga şeýle hereketiň durmuşda nähili artykmaçlyklary we näme üçin berýändigini bilýändir. Bu düşünje onuň dünýägaraýşynyň tebigy bölegi bolup galmalydyr. Eger çaga dileg edip, Hudaýa bil baglamaga öwredilen bolsa, eger ol öz durmuşynda şeýle hereketiň oňat netijelerini görýän bolsa, onda ol hemişe dilegde kömegi we ýolbaşçylygy agtaryp, tapyp bilýändir. Dogry öwredilen çagalar özleriniň çagalykda goýlan dogry gatnaşyklarda galýandyrlar we hemişe dogry hereket edip, hemişe Mukaddes Kitapda hakykatyň çeşmesini görýändir. Eger siz öz çagalaryňyzy hakykata öwreden bolsaňyz, onda hakykat olaryň durmuşlarynyň esasy bolar we hökman öz miwelerini getirer. Çünki wagtyň geçmegi bilen könelen garaýşy özgertmek çagalykdan dogry ynamy saklap, oňa eýermegi dowam etdirmekden gaty kyndyr ahyryn.
Süleýmanyň tymsallary kitabyny wadalar kitaby kimin kabul etmek bolmaz, onda durmuş düzgünleriniň ýygyndysyny görmek gerekdir. Eger bu düzgünler dogry ulanylsa, onda bol we pataly miweleri berýändir. Şonuň üçin hem çagaňyzyň Isa bolan imanyna we onuň ýerli ýygnaga gatnaýandygy entek oňa imanyň hemişeligini girew berýän däldir. Hudaý oňa muny wada bermeýär. Emma mesihi imanynyň düzgünlerine laýyklykda ýaşamaklyga öwrenip, biziň çagalarymyz hakykatda berk durup, durmuşda dogry ýol bilen giderler.
Merýem bilen Ýusup üçin gollanma bolup hyzmat eden Köne Ähtiň kitaplaryndaky çagalary terbiýelemegiň mysallary biziň üçin hem şeýle peýdaly gollanma bolmaklaryna galýandyr; olar zerarly biz öz çagalarymyzy Isanyň ýanyna getirip, edil Merýem bilen Ýusup ýaly, olary Gökdäki Atanyň ýolbaşçylygy astynda terbiýeläp bilýändiris. Gökdäki Atamyz bu ýoluň her bir tapgyrynda hem biziň özümize, hem-de çagalarymyza kömek edýändir.
Täze Ähtiň kitaplary Hudaýyň Öz patalaryny we Özüniň Ruhuny diňe bir ululara däl-de, hatda çagalara-da dökýändigini görkezýärler. Ellinji gündäki wagzynda Petrus ýygnanan adamlara şuny düşündirdi:
Ýöne bu Ioel pygamberiň aýdanydyr: «Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin. Siziň ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer».
Indiki aýatlarda Petrus ýene-de ata-enelere olaryň çagalary hakynda ýüzlenýär:
Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz. Çünki wada siziň özüňiz, çagalaryňyz, uzakda bolanlaryň ählisi, şeýle hem Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň hemmesi üçindir».
Biraz soňra, Hudaý Hoş Habaryň özge milletlere-de gönükdirilendigini Petrusa aýan edende, Mukaddes Ruh Korneliusa we onuň bütin maşgalasynyň üstünden döküldi.
Ol hem bize perişdäni görendigini, onuň öýünde durup: «Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. Ol saňa birnäçe söz aýdar. Şol sözler arkaly sen tutuş içeriň bilen gutularsyň» diýenini aýtdy.
Ýene-de, ýer titreme sebäpli zyndandaky Pawlus bilen Silasyň el-aýaklaryny daňyp duran zynjyrlar üzüleninde, şeýle waka bolup geçdi:
Olary daşary çykaryp: «Eý agalar! Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýdi. Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler. Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar. Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen çokundyryldy. Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy.
Mukaddes Kitap hoş habaryň dessine bütin maşgalalary halas bolmaklyga getirendigi hakyndaky ençeme wakalar hakda şaýatlyk edýär. Onuň ähli adamlara — hem ululara, hem-de çagalara ýetmegini Hudaý isleýändir. Iman edenlere ýygnagyň halypalyk etmegi we ata-eneleriň Hudaýa ýakymly bolan çagalary terbiýelemekleri — ine, özleriniň ähli dürlüliklerinde-de esasy zatda bir bolan iki mesihi ugur.
Hudaý Ybraýym bilen Sarany, Merýem bilen Ýusuby Öz parzlaryna laýyklykda çagalaryny terbiýelemeklige bir maksat bilen öwretdi. Bu iň wajyp bolan maksat — dünýä Isany bermek we Özüniň ýygnagynda çagalary terbiýelemegiň peýdaly ulgamyny tassyklamakdyr.
Biziň jemgyýetimiziň öz çagalaryny terbiýelemegiň jogapkärçiligini ýygnagyň egnine atmak gylygyna seretmezden, şeýle tejribe — ýalňyşlykdyr we Hudaýyň terbiýeleýji düzgünlerini inkär etmeklikdir. Çagalary terbiýelemek — ata-eneleriň gönüden-göni borçlary, çünki ol gün-günden hakyky durmuşy ýagdaýlarynda amala aşyrylmalydyr.
Eger siz çagalaryňyz üçin öz ata-enelik jogapkärçiligiňize dogry düşünýän bolsaňyz, onda Hudaýdan kömek diläň (çünki Ol bu ugurda sizi ýekelikde hyzmat çekmäge borçly etmedi ahyryn!) we ädimme-ädim öňe gitmegiňizi dowam etdiriň. Ýöne başlaň — çünki başlamak üçin hiç haçan hem giç däldir!
Ahyrynda men öz sesimi resul Pawlusyň edil Mesihiň Teniniň agzalary hökmündäki ata-enelere gönükdiren höwesli çakylygyna goşmak isleýärin:
Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk, mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin, Ol käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, käbirlerini Hoş Habarçy, käbirlerini çopan, käbirlerini öwrediji edip belledi. Ol muny biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolman, eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi. Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar.
Ýygnagyň ýolbaçlylarynyň borjy — öz ýygnagynyň agzalaryny şeýle hyzmata taýýarlamakdyr, çünki hut ol ýygnagyň berkemegine we gurnalmagyna goldaw berýändir. Bu umumy ýygnak hyzmatynyň bir bölegi bolup durýan her bir mesihi ata-enäniň hyzmaty bolsa — mesihi düzgünleri esasynda öz çagalaryny Hudaýa gulak asyjylar edip terbiýelemekdir.
Eger şu gün siz şu iş bilen meşgul bolsaňyz — öz çagalaryňyzy Mukaddes Kitabyň görkezmeleri boýunça terbiýeleýän bolsaňyz ýa-da siz bu işe diňe şu wagt girişen bolsaňyz, men sizi goldap, Mesihiň Teniniň gurnalmagy we berkemegi bolan bu ýol bilen öňe gitmegiňize çagyrýaryn. Öz bilimleriňizi beýleki ata-eneler bilen paýlaşyň we şeýdip, çagalary Hudaýyň ýollaryna ugrukdyrmakdan ybarat bolan bu beýik tabşyrygy olaryň hem ýerine ýetirip bilmeklerine kömek ediň.
Eger bu dünýäde mesihileriň her bir nesli ruhy taýdan berkäp, ösýän bolsalar, onda täze iman edenlere öwrenmek ugrunda hyzmat edýän ýygnak hem, çagalary terbiýelemek ugrunda hyzmat edýän biz ata-eneler hem Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň bütin dolulygynda ýerine ýetýändigine imanly bolup bilýändiris.
Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler.
Ata-enelere iş ýüzünde maslahat
Petrus bilen Pawlusyň taglymatyna görä, Mesihiň Tenini gurnamaklykdaky biziň umuny işimiz iki işi: dünýädäki azaşan adamlaryň Hudaýa ýüzlenmeklerini we biziň çagalarymyzyň mesihi terbiýesini öz içine alýandyr. Hudaýa ýakymly bolan çagalary terbiýelemekden ybarat bolan öz ata-ene borjuňyzy nädip ýerine ýetirýändigiňize Isanyň üns berip seredýändigini ýadyňyzdan çykarmaly dälsiňiz. Siziň maşgalaňyzyň içindäki wagyzçylyk işiňiz Hudaýyň gözüniň öňünde uzak ýurtlardaky wagyzçynyň işinden pes däldir. Çagalaryňyzy terbiýelemekde Hudaýyň özüňiz üçin kömek hökmünde beren Mukaddes Kitabyň sahypalaryndaky durmuşy taryhlaryny ulanyň. Öz çagalaryňyzy göklerde öz ýanyňyzda görmekden ybarat bolan iň esasy maksady hiç haçan gözüňizden sypdyrmaň.
Bellikniň
1
Awtor iňlis terjimesini ulanýar. Onda 4:1-de How ene «adam dünýä inderdim» diýýär (türkmen terjimede «ogul dünýä inderdim»). 4:25-de bolsa, «nesil berdi» diýýär (türkmen terjimede bolsa «ogul berdi»).
2
Töwratyň birinji kitaby bolan Gelip çykyş kitabynda Ýakubyň ogly «Esaw» diýip terjime edilen, emma Injilde bolsa «Ysuw» diýip terjime edilen. Şu kitapda terjimeçi Gelip çykyş kitabyndakysy ýaly, «Esaw» diýlip ýazlyşyny ulanýar. —
3
Babyl patyşasy Danyýel we onuň üç dostlarynyň hakyky ýewreý atlaryny babyl atlary bilen çalyşýar. Şeýlelikde, Danyýeliň babylça ady Belteşasar bolýar. Birinji bogundaky «bel» babyllaryň Bagal hudaý-butunyň adyndan gelip çykýar. —