Rik Osborn Nädip çagalara dileg etmegi öwretmeli Çagalarym bolan Danike, Sara we Joşuwa bagyşlaýaryn. Olaryň bardyklaryna görä, men ata bolmaklygyň täsin işdigini bildim. Olar meniň durmuşymy şatlyk we gülki bilen boldurdylar. Minnetdalyk Men özümiň eserimiň üstünde çynlakaý işlän redaktorym bolan Kristi Boulere uly minnetdarlyk bildirýärin. Şu kitabymyň üstünde işleýärkäm, maňa beren maslahatlary we kömekleri üçin Adelin Griffite, Jim Winsente, Deýw Dewite we Ed wan der Maasa aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Kitabymyň taýýar edilmeginiň üstünde işläni üçin Terri wan Roona, ony sahaplan Endrýu Jastere we «Soraglar» we «Ýumuşlar» bölümini taýýarlan Kewin Millere minnetdarlygymy bildirýärin. Sözbaşy «Isa çagalary, dünýäniň ähli çagalaryny söýýär». Bu aýdym täsin halda dogrudyr. Hawa, «olar Hudaýyň gözüniň alnynda hazynalardyr». Haçanda bu çagajyklaryň biri bigünä gözleri bilen Hudaýa seredip, Oňa dileg edeninde, ýagny Onuň bilen gepleşeninde, Onuň söýýän ýüregi neneň şatlykdan doly bolýan bolsa gerek. Elbetde, din taglymatlaryndan akyldar bolup, emma ynamy gowşak bolanyň dileginden, kiçijik mesihiniň çyn ýürekden edýän dilegini Ol hökman eşidýändir. Şeýle-de, tersine, haçanda çagalar alan terbiýelerine laýyklykda, Hudaýyň bardygyna üns bermän, Onuň söýgüsi we öz durmuşlarynda Onuň barlygy hakynda hiç zat bilmän, Onuň tükeniksiz mümkinçilikleriniň we çäksiz merhemetiniň hazynasyna girmänlerinde, Hudaý neneň gamgynlanýan bolsa gerek. Men dilegiň neneň uly mana eýedigini we onuň güýjüni bilýändirin. Dileg meniň durmuşymyň we Bill (d-r Uilýam R. Braýt — Wonett Braýtyň äri) bilen 1951-nji ýylda «Campus Crusade for Christ» (Bütindünýä talyp hoş habar ýaýradyjy guramasyny) döredenimizden öň hem, şeýle-de, birnäçe wagt soň özümiň «Women Today Inretnational» guramamy döredenimde-de, bütin hyzmatymyzyň esasy boldy. Haçanda men dokuz ýylyň içinde «National Day of Prayer Task Force» guramasynyň başlygy bolanymda, dilegiň täsin güýjüni gördüm. Bu gurama Amerikanyň ähli ýerlerinde köpçülikleýin töwallaçylyk üçin dileg ýygnaklaryny gurnaýar. Hudaýyň merhemeti bilen, «Campus Crusade for Christ» guramasy şu gün 16 müňden gowrak işgärden we 172-den hem gowrak ýurtlarda işleýän 200 müň taýýarlanylan meýletin-wagyzçylar we olaryň kömekçilerinden ybaratdyr. Biz dyngysyz dileg edýäris, ýylda iki gezek bolsa biziň işdeşlerimiz bilelikdäki dileg üçin bütin dünýäden ýygnanýarlar. Beýle dileg bütin gün dowam edýär. Mundan başga-da, biz bütindünýä oraza we dileg hereketine işjeň gatnaşýarys. «National Day of Prayer Task Force» guramasynyň güýji bilen biz ýurduň ähli künjeklerinde müňlerçe adamlar üçin dileg ýygnaklaryny gurnaýarys. Jemgyýetde beýik wezipelere eýe bolan adamlaryň täsin dileglerine alnan sansyz-sajaksyz jogaplaryň saýady bolmaklygy Hudaý maňa miýesser etdi. Bagtymyza, Hudaý olaryň dileglerini eşitdi we olara jogap berdi. Ýöne bu dilegleriň hiç biri-de meniň dyzymda oturyp ýa-da gapdalymda durup, çagalarymyň we agtyklarymyň eden dileglerinden hiç-de erjelli, täsir ediji, uly manyly däldi. Çagalar bolandyklary üçin, olar ne şu günki günüň kynçylyklar, ne-de taglymat jedeller hakynda hiç zat hem bilmeýärdiler, olary uly ýaşly adamlaryň durmuşlarynyň kynçylyklary kän aladalandyrmaýardy. Olar nazarýetler bilen gyzyklanmaýardylar. Olar üçin diňe häzirki wagt gyzykly. Olar Hudaýyň bardygyny, özlerini Isanyň söýýändigini, Onuň özleri üçin ölendigini anyk bilýärdiler. Indi bolsa, haçanda olar Onuň bilen gürleşenlerinde, Ol olary üns bilen diňleýär. Sadalyk. Hakykylyk. Ynam. Netijeler. Hawa, biz sofistika bilen gyzyklanan uly ýaşly adamlar çagalardan öwrenip bilerdik, «çünki gökleriň patyşalygy olaryňkydyr». Çagalara hakykatyň ýoluny ündew edip, olara Hudaý hakda bilim berip we olaryň Onuň yzyna eýermeklerine öwredip, biz dünýädäki iň jogapkärli borjy ýerine ýetirýändiris. Gagalara dileg etmekligi öwretmeklik — terbiýe bermeklik ýagdaýynyň iň wajyp meseleleriniň biridir. Ynanýan çaganyň dilegi dünýäni we onuň özüniň hususy durmuşyny özgertmäge ukyplydyr. Özüniň «Nädip çagalara dileg etmegi öwretmeli» atly kitabynda Rik Osborn çynlakaý iş alyp bardy we wajyp bolan nazarýet esaslaryny gaty gymmatbahaly amaly maslahatlar bilen ussatlyk bilen birleşdirýär. Okyjylaryň dileglerini eşidip, Hudaýyň bu kitaby çagalaryň ruhy durmuşlarynyň täzelenmegi üçin ulanjakdygyna men ynanýaryn. Bu kitap olary hakykatyň ýoluna gönükdirer. Bu hakykat ýolundan olaryň hiç haçan hem «aýrylmajakdyklary» hakynda Hudaý Özüniň Sözünde wada berýär (Süleýmanyň tymsallary 22:6 seret). Hudaý siziň dilegleriňize garaşýandyr. (Wonett Braýt «Women Today Internarional» guramasynyň esasyny tutujy) * BIRINJI BÖLÜM. Taýýarlanalyň! * Biz dilege edil käbir gol astyndaky serişdä bolşy kimin seretmeklige öwrenişendiris, emma Hudaýyň Sözi boýunça ol biziň durmuşymyzyň esasy bolmalydyr. Öz durmuşymyzda käbir zatlary özgertmeklik üçin köplenç dileg etmekligi biz bireýýäm uly ýaşymyzda öwrenýändiris. Emma dileg etmekligi biziň çagalykdan öwrenip, muny ilki başyndan dogry etmegimizi Hudaý isleýändir. Alty ýaşy dolup barýan kiçijik oglanjyk öz düşeginde ýatyp, jübüde göterilýän pyçak hakynda arzuw edýärdi. Ol agaç bilen iş salyşmaklyga öwrenmek isleýärdi. Ol özüniň tanyş maýyp-oglanyň beýleki çagalar bilen oýnap bilmegi üçin agaçdan iki sany pişek ýasamaklyk hakynda oýlanýardy. Bu ýurduň aýry duran günorta etraplary üçin gaty agyr wagtlardy. Gür tokaýyň içindäki kiçijik jaýda özüniň düşeginde ýatyp, oglanjyk öz arzuwynyň ýerine ýetmezekdigine düşünýärdi. Emma bu hakda oýlanyp, ol özüne jübüde göterilýän pyçagy sowgat edip biljek Gökdäki Atasy hakynda ýatlaýar. Şonuň üçin hem ol Hudaýa dileg edip, özüniň arzuwyny ýerine ýetirmegi hakynda soraýar. Şol gije oglanjyk düýşünde mekgejöwen meýdanynda ýatan, bir bölegi iýlen garpyzy görýär. Garpyzyň içinden görnüp duran zat onuň dilegine jogapdy — ol gara tutawaçly jübüde göterilýän pyçakdy. Daňyň ilkinji şöhleleri bilen oglanjyk yglap daşa çykyp, meýdan boýunça özüniň düýşünde gören ýerine tarap ylgady. Ylgap gelip, ol mekgejöwen meýdanlygyny, garpyzy we gara tutawaçly pyçagy gördi! Oglanjyk muny täsinlik hasap etmedi, öz dilegine ýöne Gökdäki Atasy jogap beripdi. Şondan soň onuň üçin Hudaý bilen gürleşip, Ondan akyldarlyk we kömek dilemeklik tebigy zat bolup galdy. Bu oglanjyk Jorj Waşington Karwerdi, ol ulalyp, işleri dünýäni özgerden tanymal biohimik (seleksioner) bolup ýetişýär. (Ol hakynda birinji bölümiň ahyrynda giňişleýin gürrüň berilýär). Emma Jorj özüniň üstünliklerine edil uzak wagtdaky çagalygynda gara tutawaçly pyçaga seredişi ýaly, pes göwünlik we Hudaýa minnetdarlyk duýgusy bilen seredýärdi. Pyçak bilen bolan waka öz dileglerine Hudaýyň jogap berýändigini bilmeklige oňa kömek etdi. Ondan hem artygy, hut şondan soň ol Hudaý bilen gürleşmeklige öwrenipdi. Haçanda biziň çagalarymyz hem dileg etmeklige öwrenmäge başlanlarynda, edil Jorj Karwer ýaly özleri hakynda alada edýän ynamdar Hudaý hakynda bilýändirler. Şu kitabyň birinji bölüminde biz-ulularyň öz çagalarymyza dileg etmekligi öwretmeklige nädip taýýarlanyp bilýändigimiz hakynda gürrüň berilýär. Bu ýerde näme üçin çagalara dileg etmekligi öwretmekligiň wajypdygy düşündirilýär we dilegiň berýän artykmaçlyklary hakynda gürrüň berilýär. Bu kitapdan siziň mümkin boldugyndan kän peýda alyp bilmegiňiz üçin, her bir bapda oýlanmaklyk we ara alyp maslahatlaşmaklyk üçin soraglar hödürlenilýär, şeýle-de, öz çagalaryňyz bilen bilelikde ýerine ýetirip bilýän ýumuşlar getirilýär. Üstesine-de, her babyň ahyrynda siziň üçin gyzykly bolup biljek dilegler üçin käbir mowzuklar we çagalaryňyz üçin dilegleriň mysallary hödürlenýär. 1-nji bap. Çagalara iň oňat zady bermeklik Her gün irden we agşamyna ýarym sagatlap edilýän dileg biziň durmuş ýolumyzyň gurnalmagyna özümizi alyp barşymyzdan we pikirlenişimizden hem gaty güýçli täsir edip bilýändir. P. T. Forsit Dünýä hakynda başlangyç bilime eýe bolup biljek ýerleri bolan mekdebe öz çagalarymyzy ibermeklik bilen, biz olaryň uly durmuşa gadam basmaklaryna taýýarlyk ýolunda ilkinji ädimi amala aşyrýandyrys. Biz öz çagalarymyzyň bagtly bolmaklaryny isleýäris, şoňa görä-de munuň üçin ähli mümkin bolanlary edýändigimize biz ynamly bolmak isleýändiris. Biz olary ýüzmeklige, tigir sürmeklige, dürli oýunlary oýnap bilmeklige öwredýäris. Olary futbol, hokkeý, basketbol, ýa-da göreş ýaly dürli sport bölümlerine ýazmaklyga, tomus lagerlerine ibermeklige howlugýandyrys. Siz öz çagalaryňyza saz bilimini almaklygy hem hödürläp bilýänsiňiz: aýdym aýtmaklyga, fortepiano, skripka, dutar çalmaklyga öwrenmegini isleýänsiňiz, eger islese, deprek çalmagy öwrenmegine-de garşy dälsiňiz. Eger olarda (ýa-da siziň özüňizde) isleg bar bolsa, onda çagalaryňyz tans, gimnastika, akrobatika, ýokara bökmeklik bilen meşgullanyp bilerler. Olary siz sahna, sungat sapagyna ýazyp bilersiňiz. Soňabaka bolsa olaryň öz orunlaryny tapyp bilmegine kömek edip bilersiňiz. Käbir ata-eneler synaglara taýýarlaýanlary hakyna tutýarlar; öz çagalaryny daşary ýurt diller sapagyna ýazýarlar we olar mekdepden soň ol sapaklara gatnaýarlar; dynç günleri bolsa olar agşamky mekdeplere we fakultatiwlere gatnaýarlar; öz çagalaryny tomus mekdeplerine goýberýärler. Ata-eneler muny öz çagalarynyň okuwda gowşakdyklary üçin däl-de, olaryň ähli zatda ilkinjiler bolmaklaryna kömek etmek isleýärler. Belki-de, ýokarda agzap geçen ata-eneleriň edýän hereketleri sizde gülki döredýändir, ýöne bularyň ählisi, ýagny sapaklara ýazmaklyga we okamaklyga, dürli konsertlere, türgenleşiklere, sport oýunlaryna, diňlemeklere gatnamaklyga gymmatbaha wagt sarp edilýändir. Biz öz çagalarymyzyň öz ukyplaryny we başarjyňlyklaryny bütinleý ösdürmeklerini isleýändiris. Biz nädip çagalarymyzy ahlakly adam edip ýetişdirmeklik, olaryň özlerine bolan ynamlaryny güýçlendirmeklik, ýamana we ýaşga öwretmeklik hakynda gürrüň berýän kitaplary satyn alýandyrys. Çagalarymyza nädip pullary ulanmaklyk hakynda gürrüň berýän, okuwda üstünlige eýe bolmaga kömek edýän, öz şahsyýetlerini açmaklyga rugsat berýän, biznesiň we märekäniň alnynda çykyş etmeklik sungatyň esasyna öwredýän, olaryň syýasatçylar bolup ýetişmeklerine kömek edýän kitaplar bardyr. Şeýlelikde, näme üçin biz bularyň baryny ýerine ýetirýändiris? Çünki biz öz çagalarymyzy söýýäris we olar üçin iň oňat zatlary isleýäris. Hut şeýle-de bolmalydyr. Çagalarymyza berip biljek iň oňat zadymyz — bu dilegdir Ähli endikler we gazanylan tejribeler gaty wajypdyr, ýöne durmuşymyzyň esasy bolup hyzmat edýän, çagalarymyzy geljekki synaglara dogrudanam taýýarlaýan has hem uly mana eýe bolan zat bardyr. Bu zat — dileg. Bir gezek Isa kanunçylardyr fariseýleriň «narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat» bermeklik parzyny seresaplyk bilen ýerine ýetirip, Hudaýyň parzy bolan «goňşyňy söýmekligi» ýatlaryndan çykarandyklary üçin olary käýäpdi. Isa olaryň zekat bermeli däldikleri hakynda aýtmady; Ol olaryň esasy zada üns bermeýändiklerini aýtdy. Muny biziň ýagdaýymyza hem degişli edip bolýandyr: biziň çagalarymyz üçin edýän ähli zatlarymyz, ýagny dürli borçlary ýerine ýetirmeklik, goşmaça bilim almaklyk gaty wajypdyr, elbetde, olary durmuşa taýýarlamak gerekdir, emma çagalarymyzy dilege öwretmekligiň wajyplygynyň we Hudaý bilen olaryň gatnaşyklarynyň ösmeginiň berýän ähli artykmaçlyklarynyň alnynda ilki aýdanlarymyz bary-ýogy zekat ýalydyr. Çagalara dileg etmekligi öwretmeklik bilen, biz dogrudanam olary durmuşa taýýarlaýandyrys we özlerine geljekde garaşýanlaryň baryny batyrgaýlyk bilen garşy alyp bilmekleri üçin, ähli wajyp bolan zatlary berip bilýändiris. Çagalarymyza dileg etmekligi öwretmeklik bilen, biz olary özleriniň Ýaradyjysy, özleriniň Atasy, Mugallymy we olary biziň göz öňümize getirýänimizden hem artyk Söýýäni bilen gürleşmekligi öwredýändiris. Çagalaryňyza dileg etmekligi öwretmegiňiz bilen, siz dogrudanam olary durmuşa taýýarlaýansyňyz we özlerine geljekde garaşýanlaryň baryny batyrgaýlyk bilen garşy alyp bilmekleri üçin, ähli wajyp bolan zatlary berip bilýänsiňiz. Çagalara dileg etmekligi öwretmeklik bilen, biz olary özleri üçin diňe bir iň oňat zatlary islemän, eýsem olar üçin nämäniň ýagşylykdygyny bilýän we ony bermeklige güýjüdir serişdesi Bolan bilen tanyşdyrýandyrys. Isa biziň öz çagalarymyza bir zatlary berip bilmeklik ukybymyzy Hudaýyňky bilen deňeşdirip, şeýle diýýär: «Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!» (Matta 7:11). Netijeleri «Parenting» žurnalynda çap edilen Gellap adyndaky jemgyýetiň pikiri Institutynyň ýaňy-ýakynda geçiren barlagy esasynda, ata-eneleriň 65%-i ukudan we nahardan öň öz çagalary bilen dileg edýärler («The Parenting Poll», Parenting, December\January 1996, 123.). Bu diýmeklik, biz, ata-eneler hökmünde, dilegiň roluna düşünýäris we öz çagalarymyz bilen dileg etmäge (ýagny çagalary dileg etmeklige öwretmeklige) çalyşýarys. Ukudan we nahardan öň dileg edýändigimiziň başlangyç üçin oňat bolýandygyna seretmezden, çagalarymyzyň beýleki sagatlarda hem dileg etmeklerine öwretmeklik gaty wajypdyr. Oýlanyň 1. Maşgala durmuşynda siziň dilegiňiz nähili rol oýnaýar? Siziň çagalar bilen gatnaşyklaryňyzda? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Siz öz çagalaryňyza näme dileýärsiňiz? Dileg etmeklige öwretmeklik nädip oňa eýe bolup bilmeklige kömek eder? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg sapaklarynyň peýdasy Gyzlarymyzy sazçylyk mekdebiniň skripka sapagyna ýazmaklyk bilen, aýalym bilen ikimiz ilki bilen bu sapaklaryň peýdasy hakynda pikir etdik: birinjiden, ýaşlykda saz guralynda oýnamaklyga öwrenmeklik gyzlarymyz üçin ýeňil bolýar; ikinjiden, sapaklar olar üçin gyzykly bolýar we olar saz boýunça bilimli bolarlar; üçünjiden, bu olaryň özlerini tertipli etmäge ýardam berer. Her bir ata-ene öz çagasynyň üstünliklerini görmek isleýär. Hemmämiz hem Zoluşka hakyndaky ertekini söýýändiris. Öz öýünde kemsidilen sadaja, garyp, emma görmegeý we mähirli bolan gyzjagaz täsin halda ähli ýamanlyklardan azat bolýar we şa köşgünde bolýar. «Rumpelştilshen», «Şazada we garyp» ýaly ertekiler, disneý multfilmleri bolan «Näzenin we nägehan», «Suw perisi» we «Alladin» ýalylary bu mowzugy dowam etdirýärler. Bu taryhlar oýlan bolanyndan, hakykata has hem ýakyndyrlar, çünki patyşalaryň Patyşasy bize çagalarymyz üçin göklere, iň owadan ertekidäki köşkden hem owadan bolan Patyşalyga çakylyk berdi. Bu ýerde her kes Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolýandyr. Emma Hudaý bize göklere ýöne baryp görmekligi teklip etmeýär. Ol bize Özi bilen, ýagny ähli bar bolan zatlaryň Öz elinde bolan gudraty güýçli Hudaýyň ýanynda oturyp, Onuň bilen gürrüňdeş bolmaklygy we Ony tanamaklygy teklip edýär. Ol bize Özüniň maşgalasynyň deňhukukly agzalary bolup, Onuň maşgalasyna girmekligiň berýän artykmaçlyklaryndan peýdalanmagymyzy teklip edýär. Çagalar göklere ýetmän hem Hudaýyň Patyşalygyna girip bilýändirler, çünki bary şu ýerde, ýagny biziň dünýämizde başlanýandyr. Isa şeýle diýýär: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» (Markus 10:14). Hudaý bize Özüniň Patyşalygyna girmekligi teklip etmegi bilen, bizi Özüni tanamaklyga we Onuň barlygyna göz ýetirmeklige çagyrýandyr. Mukaddes Kitapdan alnan aşakdaky bölekleri okaň: Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gidip, Maňa dileg edersiňiz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz, bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Men size tapylaryn Reb diýýär … Ýeremeýa 29:12-14 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys». Ýahýa 14:23 (şeýle-de, Ýeremeýa 24:7 we Ýakup 4:8 seret) Haçanda biz çagalary diňe bir dileg etmeklige däl-de, olary dilegi öz durmuşlarynyň esasy hökmünde boýun almaklaryna taýýarlanymyzda, biz olara bu durmuşda alyp boljak iň beýik sylaglary we artykmaçlyklary, ýagny Hudaý bilen duşuşygy we Onuň dostlugyny gowşurýandyrys. Saz sapaklaryna seredişimiziň nazary astynda dilege seredip geçeliň. Mesihiniň durmuşy, ýagny ýaşaýşynyň bir bölegi dileg bolanyň durmuşy çagalara nähili artykmaçlyklary berýär? Gaty uly! Olar Hudaý bilen gürrüňdeşligiň artykmaçlygyndan gelip çykýarlar. Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Kitapda bu ýagşylyklaryň käbirleri gaty aýdyň beýan edilen: bu has kämil bolan içki durmuş, hem gülläp ösmeklik, hem-de işiňdäki üstünlikler. 1. Has kämil bolan içki durmuş Haçanda biz çagalarymyza dileg etmekligi öwredenimizde, olar özleriniň başlaryndan geçirip bilýän beýik şatlyk hakynda bilýärler. Ýüreklerine Hudaýyň salýan şatlygy we parahatlygy biziň ähli teklip edip biljek zatlarymyzdan artykdyr, çünki bizden tapawutlylykda, Hudaý hemişe-de biziň çagalarymyzy eşidýändir we olara kömek edýändir. Ol bizi dünýäde kämil saklajakdygy hakynda wada beripdi (Ýahýa 26:3 seret), Özüniň barlygynda biziň şatlygy duýjakdygymyzy Ol wada beripdi. Bu şatlyk her bir gorkyny kowýandyr (Mezmur 21:7-8 seret) we bizde bu şatlyk üçin sebäpler bolýandyr (Mezmur 105:3 seret). Haçanda biz çagalarymyza dileg etmekligi öwredenimizde, olar özleriniň başlaryndan geçirip bilýän beýik şatlyk hakynda bilýärler. Täze Ähtiň iki ýazary dileg edýän adamyň başdan geçirýänlerini beýan edýärler: Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar[1]. (Ýahýa 16:24; kursiw meniňki. — R. O.; Mukaddes Kitabyň şu we beýleki böleklerinde bellenilen sözleriň manysyna üns bermeklik üçin kursiw ulanylandyr). Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar. (Filipililer 4:6-7; kursiw meniňki. — R. O.) 2. Şahsyýetiň ösmekligi Ähli ata-eneler hem öz çagalarynyň şahsyýet hökmünde ösmeklerini isleýändirler. Biz öz ogul-gyzlarymyzyň Hudaýda ösmeklerini, akylly bolup, Hudaýyň bütin dolulygyndan dolmaklaryny isleýändiris. Dileg etmeklik bilen biziň çagalarymyz bularyň baryna ýetip bilýändirler: Hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünje üçin gygyrsaň; ony kümüş kimin gözleseň, gizlin hazyna kimin agtarsaň; Rebden gorkmalydygyna şonda düşünersiň, Hudaýy tanarsyň. Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr (Süleýmanyň tymsallary 2:3-6; kursiw meniňki. — R. O.). Şeýlelikde, Hudaýyň bütin dolulygy bilen dolar ýaly, söýgüde kök urup, düýp tutup, hemme mukaddesler bilen bilelikde Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna düşünmegi, bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamagy başarmagyňyz üçin dileg edýärin (Efesliler 3:19; kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, Mezmur 119:26, Ýeremeýa 33:3 seret). 3. Güýç we edermenlik Çagalarymyzyň gorkulary käwagtlar bize esaslandyrylmadyk ýaly bolup görünýändir, ýöne olara üns bermeklik wajypdyr. Çagalarymyzyň ösüp, ilki ýetginjekler, onsoňam uly ýaşly adamlar bolduklaryça, gorkular olaryň durmuşlaryndan aýrylman, ýöne öz görnüşlerini üýtgedýändirler. Eger-de biziň çagalarymyz dileg etmeklige öwrenen bolsalar, onda olar durmuşy onuň ähli kynlylyklary bilen batyrgaý we edermenlik bilen garşy almaklyga taýyn bolýandyrlar. Mukaddes Kitapda biziň öz dileglerimize alýan jogaplarymyz hakynda gürrüň berilýändir: Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi. Oňa bakanlar nurana boldular we ýüzleri utanmady. (Mezmur 34:4-5), kursiw meniňki. — R. O.) Çagyran günüm Sen maňa jogap berdiň; janymy kuwwat bilen güýçlendirdiň. (Mezmur 137:3, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, 1 Ýyl ýyzgylary 16:11, Ýeremeýanyň agysy 3:57 we Resullaryň işleri 4:31 seret). 4. Gorag we erbetlikden halas bolma Biziň dünýämizde çagalarymyz üçin howp bolup durýan kän kynçylyklar bardyr. Bu hem jenaýatçylygyň beýik derejesi, hem-de neşedir. Çaganyň kimdir biriniň ölüm getirýän täsiri astyna düşmekliginiň hemişe-de uly howpy bardyr. Dileg etmeklik bilen biz we biziň çagalarymyz özümizi erbetlikden gorap bilýändiris: Dogry adamlar perýat edenlerinde Reb eşidýär, olary ähli muşakgatlaryndan gutarýar. (Mezmur 34:17, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, Mezmur 21:5 we Matta 6:13 seret). 5. Hudaýyň ýolbaşçylygy Hudaý biziň we çagalarymyzyň Özüne ýüzlenip, Onuň ýolbaşçylygyny dilemegimizi isleýändir. Her birimiz üçin Hudaýyň Öz niýetleri bardyr we eger biz dilesek, onda olaryň baryny ýerine ýetirmekligi Ol wada berýär: Hemmeden beýik bolan Hudaýy, meniň üçin islegini ýerine ýetirýän Hudaýy çagyraryn. (Mezmur 57:2, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, Süleýmanyň tymsallary 3:4-6 we Ýakyp 1:5 seret). 6. Alada Biziň çagalarymyz islegi bar bolan we olaryň (biziň hem) ähli mätäçlikleriniň öwezini dolduryp bilýän söýýän Gökdäki Ata dileg edýändirler. Bizden edilýän ýeke-täk talap — bu özümiz hakynda Onuň alada etmekligini soramaklykdyr. Isa Öz şägirtlerine şeýle diýipdi: «Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer? Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!» (Matta 7:9-11, kursiw meniňki. — R. O.). Täze Ähtde biz Rehimdar Atanyň Özüni agtarýanlar hakynda edýän aladasy hakynda gürrüň berýän bölekleri tapýandyrys: Şoňa görä, «Näme iýeris», «Näme içeris?», «Näme geýeris?» diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. (Matta 6:31-33, kursiw meniňki. — R. O.). Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz? (Rimliler 8:32, kursiw meniňki. — R. O.). 7. Islegleriň ýerine ýetmegi Dilegiň bize berýän ýene bir artykmaçlygy — bu biziň isleglerimiziň ýerine ýetmegidir. Rebde keýplen, Ol ýüregiň arzuwlaryny saňa berer. (Mezmur 37:4, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, Mezmur 21:3 we Süleýmanyň tymsallary 10:24 seret). 8. Kömek we goldaw Dileg biziň çagalarymyza gündelik durmuşda kömek we goldaw almaklyga mümkinçilik berýändir. Edil söýýän Ata hökmünde Ol olara gulak asyp, teselli berýändir. Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň. (Ýewreýler 4:16, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, Mezmur 10:38 seret). 9. Gülläp ösmeklik we üstünlik Ahyrsoňy Hudaý Özüni hormatlaýanlaryň baryny arşa göterip, olary şöhratlandyrýandyr: Çünki beýgelme ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çölden gelýändir. Höküm ediji diňe Hudaýdyr: birini peselder, birini beýgelder. (Mezmur 75:6-7, kursiw meniňki. — R. O.; şeýle-de, 1 Şamuwel 2:7 seret). Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder. (Ýakup 4:10, kursiw meniňki. — R. O.). Eger-de men: «Çagalaryň baý içki dünýä eýe bolup, olaryň şahsyýet kimin ösmeklerine, edermen we güýçli häsiýetleriniň bolmaklaryna, erbetlikden ýüz öwrüp, betbagtçylyklary bilmezleri ýaly edip terbiýe bermekligiň usulyny bilýärin» diýsedim, meniň bu usulymyň nämede jemlenendigini bilmek islärmidiňiz? Eger bu usul çagalaryňyzyň öz niýetlerini we durmuşlarynyň maksatlaryny bilmeklige kömek edýän bolsa (bu bolsa olardan talap edilýänleriň barydyr, hatda ondan hem artygydyr), olaryň hormata we abraýa eýe bolýan adam bolmaklaryna kömek edýän bolsa, siz ony bilmek islärmidiňiz? Bu usul gaty ýönekeýdir — öz çagalaryňyza dileg etmekligi öwrediň. Dileg üçin ýaradylandyrlar Eger-de biz adamzat taryhynyň başyna dolanyp gelsek, onda dileg we Hudaý bilen gürrüňdeşligiň adamzadyň durmuşynyň ilkinji ornuny eýeländigini görýändiris. Adam ata bilen How ene Hudaý bilen gürleşip, ýagny Oňa dileg edip, Onuň bilen öz gatnaşyklaryny berkidipdiler. Olar üçin bagda Hudaý bilen wagtlaryny geçirmekligi adaty iş bolandygy hakynda biz bilýäris. Olar tanyş ses boýunça Ony tanaýardylar we özleri bilen Onuň gepleşýändiginde olar hiç bir täsin zady görmeýärdiler (Gelip çykyş 3:8-10 seret). Ýöne adamlaryň günä batyp, diňe özleriniň şahsyýetleri bilen gyzyklanyp başlanlaryndan bäri bu gatnaşyklar bozulypdy. Emma Hudaý bizi Özi bilen gürrüňdeşlik üçin ýaradypdy. Biz dileg üçin ýaradylandyrys. Şonuň üçin hatda günä sebäpli biziň Hudaý bilen gürrüňdeşligimiz üzülen hem bolsa, ýüreklerimizde öňküleri ýaly dilege bolan çakylyk ýaşaýandyr. Adam Hudaýa ynanmaklyk üçin ýaradylandyr. Dileg — ähli döwürlerden ähli halklara tanyş bolan düşünjedir. Asyrlaryň jümmüşinden bize ähli adamlaryň dileg hakynda düşünjeleri bolup, olaryň dileg edendikleri hakynda şaýatnamalar gelip ýetdi (gadymy grek taryhçysy we biograf Plutarh şeýle diýipdi: «Dünýä syýahat edip, biz belki-de, diwarsyz, ýyl ýazgysyz, baýlyga eýe bolmadyk, pulsuz, mekdepsiz we sahnasyz şäherleri görüp bileris, emma hiç haçan hem şäheri ybadathanasyz, seždesiz, dilegsiz we ş.m. görüp bilmeris» C. L. Sulzberger, Go Gentle into the Good Night (Englewood Cliffs, N. J.: Prentice-Hall, 1976), 24.). Şu gün dileg — gyzgyn jedelleriň mowzugydyr. «Time» žurnalynyň 1996 ýylyň Oguz aýynyň 24-nji sanynda «Ynam we saglyk» atly makala çap edilipdi we žurnalyň ýüzünde bolsa bu makala degişli surat getirilipdi. Bu makalanyň girişinde şeýle ýazylypdy: «Dileg, ynam we ruhubelentlilik biziň saglygymyzyň ýagdaýyny oňatlaşdyryp bilýärmi? Sanlary gitdiçe artyp barýan ylmy barlaglaryň täsin netijeleri munuň mümkindigi hakynda şaýatlyk edýärler». Makalada käbir şeýle barlaglaryň netijeleri hakynda gürrüň berilýär. Alymlar diniň biziň durmuşymyzdaky roluny öwrenip, şeýle netijä gelýärler: eger adam Hudaýa ynanýan bolsa, ýygnaga gatnaýan we dileg edýän bolsa, onda onuň durmuşy oňatlaşýar (Claudia Wallis, «Faith & Healing», Тime, 24, June 1996.). Dilegiň adamzat durmuşynda gaty uly rol oýnaýandygyna şu gün köp adamlar göz ýetirýärler! Garwarddan bolan we ynamyň adamyň saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmeklik boýunça ençeme eserleriň ýazary Gerbert Benson kän adamlaryň dilegi öz durmuşlarynyň esasy diýip boýun almalarynyň ýene bir sebäbini aýdýar: hakykatdan-da, biz ynanmaklyk üçin ýaradylandyrys. «Adamlar… Hudaý bilen baglanyşyklydyrlar». Hudaý erkekler bilen aýallary olaryň Özi bilen, Özüniň bolsa olar bilen gürleşmekleri üçin ýaratdy. Dilegiň başdaky maksatnamasy şeýledi. Ähli janly-jandaryň maksatnamasy — adama hyzmat etmeklikdir. Adamzadyň maksatnamasy bolsa — Hudaýyň perzendi bolup, Gudratygüýçliniň söýgüsini kabul etmeklikdir. Biziň iň uly patamyz Iki sany iň uly parzyň bardygy hakynda Isa aýdypdy — bu Hudaýy söýmeklik we öz goňşyňy söýmeklik (Matta 22:37-40 seret). Hudaýyň söýgüdigi bize mälim, diýmek, Ol her bir egoizmden mahrumdyr, diýmek, Hudaýyň bizden talap edýänleriniň bary Onuň Özi üçin däl-de, biziň ýagşylygymyz üçin gerekdir. Munuň yzysüre, Hudaýyň iň uly parzyny ýerine ýetirmeklik bilen, biz iň uly patalara eýe bolýandyrys. Biziň üçin iň beýik pata — bu ynamda ösmekligimiz we Atamyzdyr Ýaradyjymyz bolan Hudaý bilen bolan gatnaşyklarymyzyň berkemekligidir. Hudaýyň özümize berýän ikinji beýik patasy — bu töweregimizdäki adamlar bilen oňat gatnaşyklarymyzdyr. Bu biziň ýaşaýşymyzyň wajyp bolan iki ýagdaýydyr, özümizi ulanyp bilmekligimiziň iki açarydyr. Galanlarynyň bary ikinji derejelidir. Bu ýagdaýyň hakykylygyny we dünýämiziň ähli elementleriniň öz-özleri bilen berk bagly bolup, sazlaşykdadygyny boýun alyp, şeýle netijä gelip bolýandyr: Hudaý biziň dünýämizi ondaky ähli janly zatlaryň bu iki maksada ýetmäge ymtylmaklary ýaly edip ýaradypdyr ýa-da, başga sözler bilen aýdanymyzda, olaryň bu beýik patalary almaga ymtylmaklarydyr. Ähli häzirki döwür ylmy gözlegler we medisina barlaglary bu ýagdaýyň hakykylygyny ýene we ýene tassyklaýandyrlar. Haçanda biz Hudaýyň niýetine laýyklykda, Oňa ynam bilen, bir-birimiz bilen jedelleşmän hereket edenimizde, saglygymyz berkeýär, uzak ýaşaýarys we özümize berlen durmuşdan doly keýplenip bilýändiris. Bizi ýaratmaklygy bilen, özümiziň barlygymyzyň we özümizi gurşap alan dünýäniň her bir bölejigini Hudaý ähli zatlaryň öz aralarynda bütin sazlaşykda we özümiz üçin niýetlän maksatlarymyza ymtylmaklyga bolan doly laýyklykda bolmaklary üçin etdi. Bu ýerde maşyn bilen deňeşdirme getirse bolýandyr. Maşyn bir ýerden beýleki ýere oňaýly we ýakymly halda hereket etmeklik üçin edilýändir. Maşynyň her bir bölekleri bu maksat üçin hyzmat etmelidir we beýlekileri bilen gatnaşykda işlemelidir. Hut şeýlelikde, özümizi gurşap alan dünýäniň ähli elementleri, aýratynam öz bedenimiziň her bir bölegi Hudaýyň maksadyna laýyk gelmelidir. Biz dileg edýäris. Biz köşeşýändiris. Netijede ýüregimizde parahatlyk döreýändir. Haçanda biz çagalarymyza dileg etmekligi öwredenimizde, biz olara durmuşyň açarlaryny berýändiris. Eger-de biz muny etmeýän bolsak, onda olar özlerine ýakymly syýahaty üpjün etmeklik üçin niýetlenen täsin maşyna eýe bolubam, pyýada ýöremeklige mejbur bolýandyrlar, çünki olarda onuň açary ýokdur. Çagalarymyz hem biziň özümiz ýaly dileg etmeklik üçin ýaradylandyrlar. Isa biziň ählimizi bu dünýäde iň beýik pata bolan Hudaý bilen gürrüňdeşlige eýe bolmaklyga çagyrýandyr. Hudaý bilen gürrüňdeş bolýan adamlar üçin mümkin bolmajak hiç zat hem ýokdur. • Dileg bize Hudaýyň niýetlerini açýandyr. • Dileg bize Hudaýyň söýgüsini görkezýändir. • Dileg bize hakykata we akyldarlyga bolan ýoly açýandyr. • Dileg bize doly durmuş bilen ýaşamaklyga rugsat berýändir. • Dileg şatlyk we parahatlyk getirýändir. • Dilegde biz öz durmuşymyzy Hudaýa ynanyp, Onuň ýolbaşçylygyny soraýandyrys. • Dileg synaglara garşy durup, erbetlikden ýüz öwürmekligimiz üçin bize güýç berýändir. • Dileg bize betbagtçylyklardan gaça durup, kynçylyklary ýeňmeklige kömek edýändir. • Hudaýyň merhemetiniň öz üstümize inýänligi üçin, dileg biziň durmuşymyzy özgerdýändir. • Dileg sebäpli biziň gündelik haýyşlarymyz ýerine ýetýändir. • Dileg täsinlikleri mümkin edýändir. • Dileg biziň isleglerimiziň amala aşmaklygyna bolan ýoly açýandyr. Dileg — maksadyň özi däldir Indi men şeýle diýjek bolýaryn: dileg öz-özünden maksat bolup durýan däldir ýa-da çagalarymyzyň endiklerine ýene biriniň goşulmaklygy üçin, olara öwredýän zatlaryň hataryna ýene birini goşmaly bolan bir zat däldir. Hakykatda bary tersinedir. Dileg durmuşa goşmaça däldir. Dileg — bu durmuşyň esasydyr. Bu biziň öz çagalarymyzy öwretmeli bolan zatlaryň iň wajydybyr. Munuň üstesine-de, çagalarymyzy kesgitli wagty dyzlarynda geçirmeklige öwredip, Mukaddes Kitapdan aýatlaryny gaýtalamaklyga mejbur edip we Hudaýa gündelik «islegleriniň» sanyny aýtdyryp, biz ýokardaky ähli agzalan artykmaçlyklarymyzyň baryndan olary mahrum edýändiris. Dowamly wagt dyzyňa çöküp durmaklyk, köpsanly haýyşlar — bular entek dileg däldir. Çagalara dileg etmegi öwretmeklik diýmeklik — bu olary Hudaý bilen gürleşmeklige öwredip, Onuň ýüzüni agtaryp, Onuň bilen gatnaşyklaryny ösdürmekligi aňladýandyr. Hut dileg ýa-da Hudaý bilen gatnaşyklaryň berkidilmegi bu artykmaçlyklary berýändir. Dileg — maksadyň özi däldir. Bu ýerdäki ýagşylyklara ýetmekligiň ýöne bir ýoly däldir. Dileg — bu Hudaýyň söýgüsi üçin derwezedir. Soraglar we ýumuşlar 1. Özüňiziň ulanyp, dilegi maşgalaňyzyň durmuşynyň merkezinde goýup biljek bäş usuly sanaň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Nähili ýagdaýlar dilegiň öz maşgala durmuşyňyzyň merkezi ýerini eýelemegine böwet bolýandyr (mysal üçin, işiňiziň uzaga çekmegi, ileri goýmalaryň nädogry goýulmaklygy ýa-da maddy kynçylyklar)? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dilegde Hudaýa özüňiziň ähli kynçylyklaryňyz hakynda gürrüň beriň we maşgalaňyzyň gündelik işleriniň arasynda dileg üçin köpräk wagt tapyp bilmegiňize kömek etmegini soraň. Dileg üçin mowzuklar • Hudaý bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, başyňyzdan geriýän şatlyk üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Öz çagalaryňyza iň oňat zatlary berip bilmegiňize kömek etmegi hakynda Hudaýdan soraň. • Maşgalaňyzyň ruhy taýdan terbiýesi üçin köpräk wagt tapyp bilmegiňiz üçin kömek etmekligi hakynda Hudaýa dileg ediň. Çaganyň dilegi Çagalaryň ulanyp biljek dileginiň mysaly. «Hudaýym, Seniň özüm üçin Göklerdäki Atam bolmak isleýändigiň üçin, özüm hakda alada edýänligiň üçin we meni akyldarlyga öwredýänligiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Saňa gulak asmaklygyma kömek et, haýyş edýän. Ýene-de, haýyş edýän, maňa dileg etmekligi öwret. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 2-nji bap. Çagalar dileg üçin ýaradylandyrlar Eý Hudaý, Sen maňa ýaşlygymdan tälim berdiň; men şu wagta çenli Seniň ajaýyp işleriňi wagyz etdim. Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama. Mezmur 71:17-18 Biziň Hudaýyň söýgüsini tanap, onuň hereketini görüp bilmegimiz üçin Isa ýere geldi. Hudaýyň ýüregini nämäniň şatlandyrýandygyny Isa bize görkezdi. Isa çagalar hakynda näme diýdi Isanyň gaharly bolan pursatlaryndaky wakaklary ýadyňyza düşürip, siz ilki bilen şeýle suraty göz öňüňize getirýän bolsaňyz gerek: Isa ýüplerden gamçy ýasap, ybadathanadan pul çalyşýanlary we satyk-söwda edijileri kowýar (Ýahýa 2:14-16 seret). Onsoň siz Onuň fariseýleri ikiýüzlilikde we ruhy körlükde ýazgarýandygyny ýadyňyza salýansyňyz. Emma Mukaddes Kitapda Isanyň närazylyk ýagdaýa gelen ýene bir wakasy beýan edilýär. Bu gezek onuň gahary çagalara bolan seresapsyzlyk sebäpli döräpdi. Isanyň sözlerini gaýtalamaklyk bilen, biz Onuň özümize, ýagny ululara aýdan sözlerine gaty üns berýäris — biz edil çagalar kimin Hudaýyň Patyşalygyny kabul etmelidiris. Bu gaty gymmatly pikir, emma esasy pikir däldir. Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler. Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr. Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez». Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi. Markus 10:13-16 Isa we Onuň şägirtleri Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýärdiler. Şol wagt özlerini gurşaýan adamlaryň biri Isanyň pata bermegi üçin, çagalary Onuň ýanyna alyp gelmeklige çalyşýar. Şägirtler: «Mugallymyň şu wagt boş däldigini görmeýärmisiňiz? Onuň şu wagt wajybrak işi bar — Ol ululary öwredýär. Onuň çagalar üçin wagty ýok» diýip, çagalary getirenlere käýän bolsalar gerek. Isa bir zatlaryň bolýandygyny duýup, wakany anyklap, gazaba münýär. Belki-de, Ol şägirtleriniň özlerini alyp baryşlary üçin däl-de, olaryň çagalara biperwaý seredýändikleri üçin gaharlanandyr. Çagalara söýgi bilen Hudaý çagalardan daşlaşýan däldir (Markus 10:14 seret), olaryň ulalmaklaryna, akyllylanmaklaryna ýa-da jemgyýetde beýik orunlara eýe bolmaklaryna garaşýan däldir. Adamlary ýaratmaklygy bilen, Hudaý olaryň ir çagalygyndan başlap Özi bilen gatnaşyk etmeklerini öňünden kesgitledi. Adamlary ýaratmaklygy bilen, Hudaý olaryň ir çagalygyndan başlap Özi bilen gatnaşyk etmeklerini öňünden kesgitledi. Gellap Institutynyň wagtal-wagtal geçirýän soragnamasy Isa ynanan adamalaryň 85%-ti bu ädimi 18 ýaşlaryna çenli edipdirler. Meşhur psiholog, «Üns merkezinde — maşgala» atly radiogepleşiginiň awtory we ýolbaşçysy bolan doktor Jeýms Dobson şeýle ýazýar: «…çagalaryň durmuşlarynda olaryň dini taýdan öwrenmeklik üçin açyp bolan gysga döwür bardyr. Bu döwürde olaryň nämäniň oňat, nämäniň bolsa erbetdigi baradaky düşünjeleri gurnalýandyr we olaryň Hudaý bilen gatnaşyklary berkäp başlaýandyr» (Jeýms Dobson. Gutarnykly jogaplar. Spb.: Mirt, 2000. C. 233). Mukaddes Kitapda şeýle diýlendir: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Hudaýyň bizi ýaratmaklygy bilen, biziň Ony tanap, Ondan öwrenmekligimizi öňünden kesgitländigini Isa bilýärdi. Bu ýagdaý biziň doglan günümizden başlanýandyr. Aslynda, Isa Özüniň yzyna eýerijilere şeýle diýipdi: «Biz adamlara Hudaýyň Patyşalygy hakynda gürrüň berip, olara sapak berýändiris. Haçanda kämil şägirtler gelenlerinde bolsa, siz olary goýbermeýärsiňiz. Bu nädogrydyr!» Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýip, Özüniň yzyna eýerijileri ynandyryp bildi (Markus 10:15). Hudaýyň Sözüni tanamaklyk üçin çagalar gaty ýerliklidirler, şonuň üçin hem eger ulular olara meňzemeseler, Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmezler. Hudaýyň adamlary olaryň entek çagalygynda Özüne gelip, Özüni tanamaklyga öwrenmege başlamaklary üçin ýaradandygyny Isa bilýärdi. Şonuň üçin eger ýeňillik bilen ýaralanyp bilinýän we goragsyz çagalara Hudaýyň talap edişi kimin gatnaşyk edilmese, bu olara uly zyýan ýetirip bilýändir. Hudaýyň Özüniň bu parzyny ýerine ýetirmeýänler üçin Onuň pikiri nähilikä? Isanyň Mattanyň Hoş Habarynda Öz duýgularyny nähili sözler bilen beýan edýändigine serediň (18:5-6). Gordon Dalbi özüniň «Fight Like a Man» atly kitabynda bu sözleri gaty gyzykly düşündirýär: «Elbetde, Isa iň gaharly sözleri Özüne iman edýänleri ýoldan çykarýanlar üçin saklady. Şeýle adamlar diňe bir gämiden taşlanmaly däldir, olary suwa gark etmelidir, özi-de saý ýerde däl, eýsem olaryň boýunlaryna ýöne bir daşjagaz däl-de, degirmen daşyny asyp, deňziň ortarasynda gark etmelidir» (Gordon Dalbey. «Fight Like a Man» (Wheaton, III.: Tyndale, 1995), 205). Beýleki gezek Isa çagalar hakynda şeýle diýipdi: Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. Emma olaryň hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler. Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara şeýle diýdi: «Kim şunuň ýaly çagalaryň birini Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder». Markus 9:33-37 Eger biri adamlaryň arasynda ilkinji bolmak isleýän bolsa, onda onuň adamlara hyzman etmelidigini Öz şägirtlerine düşündirdi. Onsoň ol eline çagany alyp, şeýle diýdi: «Eger siz Meniň Patyşalygymda ilkinjiler bolmak isleseňiz, onda çagalary kabul ediň! (olara hyzmat ediň, olara öwredip, olary söýüň, olar bilen kän wagtyňyzy geçiriň)». Isanyň çagalara bolan hyzmaty hemme zady öz içine alyjydy. Ol çagalara pata berip, olar üçin dileg edipdi. Ol Öz şägirtlerini çagalara hyzmat etmeklige çagyrypdy. Hiç bolmanda bir gezek Isa Özüne kömek etmeklige çagalara rugsat beripdi: bu waka Onuň çölde «aýallardan we çagalardan başga dört müň adamy» doýranynda bolupdy. Isanyň yzyna eýeren adamlaryň arasynda çagalaryň hem bolandygy hakynda Mukaddes Kitapda gürrüň berilýär we olar Onuň öwüt-ündewlerini diňläpdiler. Isa olara şypa beripdi, ölülerden direldipdi, olary eline alyp, Öz Patyşalygyna çagyrypdy. Ol bizi hem hut şeýle etmeklige çagyrýar. Ol bu hyzmatyň wajyplygyny öz şägirtlerine düşündirmeklik üçin hiç zadyň öňünde-de saklanmandy. Oýlanyň Kanun taglymaty 6:6-9 okaň. Bu bölekde berlen görkezmeleri siz öz maşgalaňyzyň durmuşynda nädip ulanyp bilersiňiz? Her bir çagalaryňyz babatda? Mysal üçin, dükana baranyňyzda ýa-da synaglara taýýarlananyňyzda, Hudaýyň wepalylygy hakynda nädip çagalara sapak berip bilerdiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Mesihiň çagalygynyň beýannasyndan alyp boljak sapaklar Adamyň Hudaý bilen gatnaşygy babatda ulanylýan gönüden-göni gürrüňdeşlik jümlesi adamyň Mesihden hasal bolmaklyk sylagyny alyp, onuň mesihi bolandygyny aňladýandyr. Hakykatda bolsa, Mesihde halas bolmaklyk sylagyny alyp, adam bary-ýogy Hudaý bilen gürrüňdeşlige bolan resmi çakylygy alýandyr. Hudaý bilen gönüden-göni gürrüňdeşlik — bu bütin ömrüň maksadydyr. Bu maksada ýetmeklikdäki esasy serişde, elbetde, dilegdir. Isanyň galdyran mysalyna syn ediliň we gaçalarymyzyň özlerini nähili alyp barmalydyklaryna Onuň berýän teklibine düşünmeklik üçin, aýratynam Onuň çagalygy hakynda özümize mälim bolanlara üns bereliň. Çaganyň akyldarlygy Haçanda Isanyň on iki ýaşy dolanda, adat bolşy ýaly, ata-enesi Ony öz ýanlary bilen Pesah baýramy üçin Iýerusalime äkidýärler. «Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler» (Luka 2:43). Merýem bilen Ýusup öz ýanlarynda Ogullarynyň ýoklugyny görüp, Onuň gözleginde Iýerusalime dolanyp gelýärler. «Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi. Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar» (Luka 2:46-47). Haçanda biziň çagalarymyz Hudaý bilen gürrüňdeş bolup başlanlarynda, biz (we beýlekiler) olardaky üýtgeşiklere üns berýändiris. Isanyň ata-enesi Ony üç günden soň mugallamlaryň arasyndan tapdylar. Bu üç günüň içinde näme bolduka? Däp bolşy ýaly, Pesah baýramçylygynyň bellenýän döwri Iýerusalim ybadathanasy bütin Rim imperiýasynyň çar tarapyndan gelen zyýaratçylardan doludy. Käbir adamlar Ýazgylary çuňňur bilmek isleýärdiler. Mugallymlar bolsa minnetdar diňleýjileriň öňlerinde özleriniň ynam hakyndaky taglymatlaryny we Hudaýyň Sözüne düşünişlerini beýan etmeklik üçin ýygnanýardylar. Olar diňe on iki ýaşly ýetginjegi diňläp, onuň bilen gürrüňleşmek üçin ýygnanmazdylar. Şonuň üçin ynam bilen aýdyp bolýandyr: Isanyň ata-enesiniň şaýat bolan wakasy bütin taryhyň özenidi. Isanyň jogaplary şeýle bir täsin bolan bolmalydyr welin, bu üç günüň içinde Ol ýuwaş-ýuwaşdan, emma dogrulyk bilen bütin märekäniň ünsüni özüne çekdiripdir. Mälim bolşy ýaly, Isa bilen mugallymlar we şeýle-de, olary diňelemäge gelen adamlar gyzyklanan bolsalar gerek. Eger çaga Hudaýa dileg edip, Onuň aýak astynda öwrenýän bolsa, onda özüniň jogaplary bilen ählumumy pikir boýunça akylly we sowatly hasaplanylýan uly adamlary hem geň galdyryp bilýändir. Mukaddes Kitapda şeýle diýlendir: «…Hudaýyň “akmaklygy” adam akylyndan üstün, Hudaýyň “ejizligi” adam güýjünden güýçlüdir» (1 Korintoslylar 1:25). Haçanda biziň çagalarymyz Hudaý bilen gürrüňdeş bolup başlanlarynda, biz (we beýlekiler) olardaky üýtgeşiklere üns berýändiris. Ine, Isa ulalalnynda soň näme diýipdi (gaty gyzykly, şu sözleri aýtamklygy bilen Isa geçmişde bolan ybadathanadaky üç güni ýadyna saldymyka?): «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin! Hawa, Ata! Çünki Seniň halaýşyň şeýledi» (Luka 10:21). Çagalaryň öwrenişleri ýaly öwrenmek Akyldarlygyň başlangyjynyň Hudaýdan gorkudygy hakynda Süleýmanyň tymsallarynda aýdylýandyr. Çagalar öz akyllaryna akyldarlygyň çeşmesi hökmünde seredýän däldirler. Ýöne ulalanymyzdan soň, biz nämäniň dogry, nämäniň bolsa ýokdugyny özbaşdak çözmäge synanyşýandyrys we bary biziň özümizi adalatlygyň aýan bolmaklygy kimin hasaplamagymyz bilen gutarýandyr. Ýöne Hudaý biziň entek çagalygymyzda Özünden öwrenmegimizi öňünden belläpdir. Ulalyp we täze bilimleri alyp, biz Hudaýyň ýolbaşçylygyny dilemegimizi dowam etdirmelidiris. Eger bize çagalykda Hudaýdan akyldarlyk soramaklyga öwreden bolmasalar, onda biz özümiziň bireýýäm bilýänlerimizde batýandyrys we biziň ruhy ösüşimiz kesilýändir. Çagalarymyzyň Hudaýyň Özünden öwrenmekleri üçin olary Oňa gönükdirmäge biziň mümkinçiligimiziň bardygy neneň ajaýyp! Bütin ömürlerinde çagalarymyzyň Hudaýdan öwrenmeklerini dowam etdirmekleri üçin olary taýýarlap bilýändigimiz neneň täsin! Hudaý biziň entek çagalygymyzda Özünden öwrenmegimizi öňünden belläpdir. Ulalyp we täze bilimleri alyp, biz Hudaýyň ýolbaşçylygyny dilemegimizi dowam etdirmelidiris. Eger-de biz Isanyň çagalygy hakyndaky beýannama Onuň ybadathana baranyndan öň we soň seretsek, onda şuny görüp bileris: Isanyň Hudaýyň Ogly bolandygyna seretmezden, Hudaý Onuň hem ähli beýleki çagalar ýaly, Hudaý hakdaky bilimleri alyp, Onuň bilen Öz gatnaşyklaryny berkitmekligi öňünden belläpdir. Isa Hudaýdan öwrenýärdi, Mukaddes Üçlügiň bir şahsyýeti hökmünde däl-de, Hudaýyň ýanyna getirilen ýönekeý çaga ýaly Hudaý hakda bilim alýardy: «Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi. <…> Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy» (Luka 2:40, 52). Mundan Isanyň çagalygy we Onuň ruhy taýdan ösüşi babatda şeýle netijelere gelip bolýandyr: • Isa «akyldarlykda ösýärdi», ýagny Ol Hudaýyň buýruşy ýaly ata-enesini diňläp we Töwraty öwrenip, bilim alýardy. • Isa «boýda ösýärdi», ýagny fiziki taýdan ösýärdi we bu tebigy faktorlardyr dogry iýmitlenmeklik bilen kesgitlenilýärdi. • Isa «Hudaýyň mährini gazanýardy», ýagny Hudaýa dileg edip we Onuň erkini ýerine ýetirip, ruhy taýdan ösýärdi. • Isa «adamlaryň mährini gazanýardy», ýagny adamlar bilen gatnaşygy ýola goýýardy. Bu bolsa Onuň olaryň arasynda ýaşap, olar ýaly sinagoga gatnap, olara hyzmat edip, olary söýmeklige öwrenendigi sebäpli mümkin bolupdy. Isa diňe bir Mukaddes Kitapdan aýatlary aýdyp, Özüniň aýratyn hukugynyň bardygy ýaly edip, Hudaý bilen gepleşmeklik üçin bu dünýä gelmedi. Ol ähli zatda bize meňzeşdi, şonuň üçin hem Ol bize deňeşip bilýändir, biz bolsa Oňa. Mesih bize meňzedi we şonuň üçin synaglara duçar boldy, görgüleri başyndan geçirdi (Ýewreýler 2:17-18, 5:8-9 seret). Edil islendik çaga ýaly, Isa Hudaýyň kämil niýetine laýyklykda ösdi, bilim aldy, Öz ata-enesine hormat goýdy. Biz «mesihi» sözüniň «Mesihe meňzeş» diýmekligi aňladýandygyny bilýändiris. Şonuň üçin hem uly mesihiler bolup, biz Hudaýa hyzmat etmeklik, Onuň öňündäki borçlarymyzy ýerine ýetirmeklik we ş.m. soraglarynda Mesihiň mysalyna eýermelidiris. Emma mesihi-çagalar kimden görelde almaly? Lukanyň Hoş Habarynda çagalygy hakynda ýazylan Isadan görelde almalydyrlar! Ol olaryň ýagdaýynda boldy we görelde üçin olara mysal galdyrdy. Öz wagtynda biziň her birimiziň hem bolşumyz ýaly, Isa-da çaga bolupdy we ulalyp, Ol Hudaý bilen edil Öz Atasy, Mugallymy we Dosty kimin gatnaşyklaryny berkidipdi. Hudaýyň ähli çagalara ösmekligi öňünden belleýşi ýaly, Isa-da Özüniň Atasyna we Ýaradyja bolan hormatly we mertebeli gatnaşygyny saklap ösüpdi. Isa Ýazgyny öwrenip, Hudaýyň erkini ýerine ýetirip we iň esasy zat — dileg etmeklige öwrenip, ruhy taýdan ösüpdi. Bularyň baryny biziň çagalarymyz hem başararlar. Isa Hudaýyň ululara terbiýelemegi öňünden belleýşi ýaly terbiýäni alan ýer ýüzündäki ilkinji Çagady; eger-de ata-eneleri Hudaýyň yzyna eýeren bolsadylar, onda Kabyl bilen Habyl hem edil Onuň ýaly terbiýelenerdiler. Isanyň Kim bolup, Kim boljakdygy esasan Merýem bilen Ýusubyň berýän terbiýelerine baglydy. Isa diňe Hudaýyň niýeti boýunça bizi halas edýän zatlara öwrenipdi. Ine, näme üçin Isanyň dogulmazyndan uzak wagt Hudaý Ybraýymy saýlapdy, Hudaý Ybraýymy şeýle ýagdaýda taýýarlapdy welin, Ybraýym öz çagalaryny Hudaýyň ýollaryndan ýöremeklige öwredip bilmelidi (Gelip çykyş 18:19 seret). Hudaýyň niýetiniň wajyp bölegi şunda jemlenipdi: haçanda Isa ýere geleninde, Onuň ata-enesi Hudaýyň Ogluny nädip ulaldyp, Oňa nähili terbiýe bermelidigini bireýýäm bilýärdiler. Isanyň ata-enesiniň durmuşlarynyň beýannamasyndan alyp bolýan sapaklar Biziň köplerimiz Merýem bilen Ýusubyň ata-enelik başarjaňlygy we edermenligi hakynda az oýlanýandyrys. Käwagtlar biz Isa ýaly Ogly terbiýelemek gaty aňsat diýip hasaplaýarys. Olar Ony diňe iýmitlendirdiler, Ol bolsa ulaldy we adamlary titremä getirýän Mugallym bolup ýetişdi. Ýalňyşýarsyňyz! Eger Hudaý islän bolsa, onda bu şeýle-de bolup bilerdi, ýöne biziň halas bolmamyz üçin Ol käbir başga zady meýilleşdirdi. Merýem bilen Ýusuba beýik hormat goýuldy we olaryň eginlerine ullakan jogapkärçilik goýuldy — Hudaýyň Ogluny Onuň geçmeli ýoluna ugrukdyrmaklyk. Hudaý Merýem bilen Ýusuby saýlap (birwagtlar Onuň Ybraýym bilen Saraýy saýlap, olary taýýarlaýşy ýaly), olaryň Hudaýyň Ogluny Onuň parzlaryna laýyklykda terbiýelemekleri üçin belledi. Çagalarymyzyň durmuşynda dilegiň bolmaklygy — bu olaryň durmuşlarynda Hudaýyň we Onuň sözüniň bolmagydyr. Merýeme perişde görnüp, onuň äre çykmanka, göwreli boljakdygy hakynda aýdypdy. Şol wagtlar aýallary munuň üçin daşlaýardylar. Ýöne Merýem şeýle jogap berdi: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» (Luka 1:38). Biraz soňra Merýem Elizabeta bilen duşuşanynda, aýdym aýtdy. Bu aýdymyň sözleri Köne Ähtiň aýatlaryny öz içinde saklaýar we mundan Merýemiň Mukaddes Kitaby oňat bilendigi hakyndaky netijä gelip bolar (Luka 1:46-55 seret). Ýusup Hudaýyň tabşyrygyna boýun boldy we Hudaý tarapdan göwreli bolan Merýemi kabul etdi. Ýusup Hudaýyň Ogluny ogullyga kabul edip, Ony öz ogly hasaplamagy inkär etmedi. Merýem bilen Ýusup Hudaýyň erkini ýerine ýetirip, bir ýerden başga ýere göçdüler. Olaryň Hudaýyň erkini ýerine ýetirmeklik üçin bar güýçlerini aýamandyklary olaryň durmuşlarynyň taryhyndan belli. Olar Hudaýyň wepaly we ynamdar gullarydylar we Hudaý hem olaryň Özüniň Ýeke-täk Ogluny çagalaryň terbiýelenmelidikleri ýaly, ýagny Hudaý bilen birlikde terbiýelemekleri üçin olary saýlady. Merýem bilen Ýusup hut şuny-da etdiler. Mukaddes Kitap Mesihiň hyzmatyny beýan edip, Ony dileg adamy kimin suratlandyrýar. Isa Özüniň her bir aýdýan we her bir edýän hereketiniň Özüne dileg arkaly ýolbaşçylyk edýän Hudaýyň Özüniň sözleri we hereketleridigi hakynda aýtdy. Isa dileg etmeklik üçin wagtal-wagtal çöle giderdi. Hudaý bilen Özüniň gatnaşyklaryny Ol gaty gymmat tutýardy. Isanyň Üçlügiň bir şahsyýeti hökmünde Hudaý bilen hemişe baglanyşykda bolandygyna seretmezden, Ol adam hökmünde hut biziň halas bolmaklygymyz üçin ýaşlygyndan başlap Gökdäki Atasy bilen gatnaşyklaryny ösdürdi. Biz hem öz çagalarymyzy Isanyň mysaly boýunça olaryň Hudaý bilen öz gatnaşyklaryny ösdürerleri ýaly dileg etmeklige öwredip bilýändiris. Ine, biz nädip öz çagalarymyzy Hudaýyň özleri üçin öňünden belleýşi ýaly bolarlary, Hudaýyň olara öwretmek isleýän zatlarynyň baryna öwrenmekleri, olar üçin söýýän Gökdäki Atanyň taýýarlan ähli patalaryny alyp bilerleri ýaly edip terbiýeläp bilýändiris. Eger biziň çagalarymyz dileg etmeklige öwrenseler, diýmek olaryň durmuşlarynda Hudaý we Onuň güýji hereket eder. Ýöne eger-de siziň öz çagalaryňyzyň ähli wagtlaryny dyzlarynda dileg edip geçirýändiklerini görmeklik islegiňiz has-da güýçlenip barýan bolsa, onda Isanyň ýönekeý oglanjyk bolandygyny ýadyňyza salyň. Onuň jemgyýetde ýaşandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýokarda getirilen aýatda şeýle diýilýändir, ýagny Isa «Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy». Ol öz atasy-agaç ussasy bilen bile işländir. Isa işleýärdi, iýýärdi, uklaýardy. Ol adaty maşgalanyň agzasydy we ähli çagalaryň ulalyşlary ýaly ösüp ulaldy. Merýem bilen Ýusup Hudaýyň Ogly bolan Isany terbiýelemäge ylalaşypdylar, çünki olara Ony terbiýelemek tabşyrylypdy. Olar Hudaýyň çagalaryň terbiýelenmek ýagdaýyna özgermeler girizip bilmegi üçin topragy taýýarladylar. Hudaýyň Adam ata bilen How enäniň günä batmazlaryndan ozal, biziň çagalary terbiýelemegimizi öňünden belleýşi ýaly, Hudaý ýene we ýene Isa Mesih arkaly öz çagalarymyzy hut şonuň ýaly terbiýelemegimize kömek eder. Merýem bilen Ýusup öz umytlaryny Hudaýa baglap we Onuň Ogluny Özi bilen birlikde terbiýeläp, Mesihe ynanmaklyk isleýän ata-eneleriň we çagalaryň hemmesi üçin Hudaýa bolan ýoly açdylar. Hudaý hut şu gün siziň öýüňize girmäge taýyn, muny isleýär we çagalaryňyzy eline alyp, olary öwretmegi, olar hakda alada etmegi we olary Özüne ýakynlaşdyrmagy başarýandyr. Şeýle-de, Ol bizi-de özgertmäge, bize akyldarlyk, söýgi, güýç we çagalary terbiýelemekde öz borçlarymyzy günde ýerine ýetirmäge ukyp bermäge taýyndyr. Şonda biz öz hereketlerimizde öz güýjümize we özümiziň dogrulygymyza ynamlylyga däl-de, Hudaýyň söýgüsine, ýagşylygyna we wepalylygyna bil baglaýandyrys. Biz hem çagalara meňzäp, pes göwünli bolup, Hudaýyň özümizi özgertmekligi, kömek etmekligi we adalatly hereket etmeklige goldaw bermekligi hakynda sorap bilýändiris. Biz günde Onuň akyldarlygyny, söýgüsini we aladasyny görüp bilýändiris. Biz ata-eneler hökmünde ykbala taşlanan däldiris. Hudaý biziň çagalarymyzy söýýändir. Ol söweşdi we dünýäniň ýaradylyşynyň taryhyndaky iň beýik söweşde ýeňip, adamzat janynyň duşmandan üstündigini subut etdi! Her bir çaga Hudaý Öz ýoluny teklip edýär. Onuň bu ýoluna eýerip, çaga Onuň söýgüsini we niýetini tanap bilýändir. Dileg etmeklige we Hudaý bilen öz gatnaşyklaryny berkitmeklige öwrenýän çaga dogrudanam doly durmuş bilen ýaşaýandyr. Ol Hudaýyň niýeti boýunça bolan durmuş bilen ýaşaýandyr, onuň durmuşy doly we «gurply» bolýandyr. Isa şeýle diýipdi: «Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim» (Ýahýa 10:10). Hudaýa bil baglamaklyga öwrenmeklik Gynansak-da, biziň dileglerimiziň köpüsi jogapsyz galýandyr we munuň sebäbi ýönekeýdir: ýa-da biziň ynamymyz gowşak ýa-da kömek üçin Hudaýa ýüzlenýän däldiris. «…gazanmaýarsyňyz, çünki dilemeýärsiňiz» — diýip, resul Ýakup göni aýdýar (Ýakup 4:2). Resul şeýle ýazýar, ýagny isleýän zadymyza eýe bolmazlygymyzyň sebäbi şunda jemlenendir: biz dileg etmeýäris. Dilänimizde bolsa, «hiç zat almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz» (Ýakup 4:3). Başga sözler bilen aýdanymyzda, özümiz üçin nämäniň ýagşylykdygyny bilýändigimize ynamly ýalydyrys. Şonuň üçin hem aslynda biz öz erkimiziň ýerine ýetmegi hakynda dileýändiris. «Ine meniň isleýänim we amala aşmagyny isleýänim hut şeýle». Dileg edip, mätäç bolan zadymyzy ýa-da isleýänimizi alyp bilmeýändigimiz hakynda resul aýtmaýar, şeýle-de, ol biziň diňe beýlekiler üçin dileg etmelidigimiz hakynda hem aýtmaýar. Ol hakyky dilegiň Hudaýa doly ynanmaklygy aňladýandygy hakynda aýdýar. Dileg — bu onuň kömegi arkaly Hudaý bilen biziň gürrüňdeş bolýan, Onuň bilen gatnaşyklarymyzy ösdürýän we Oňa bil baglamaklyga öwrenýän serişdämizdir. Hudaý biziň Özüne bil baglamagymyzy, Onuň ýüzüni agtarmagymyzy, Ondan öwrenmegimizi, Onuň niýetine düşünmäge synanyşmagymyzy we Onuň patalaryny kabul etmegimizi isleýändir. Hudaýyň söýgüsine ynanmaklyk Hudaý söýgüdir. Söýgi bolsa — akgöwünli duýgudyr. Şonuň üçin hem Hudaýyň bizden talap edýänleriniň bary ýa-da biziň üçin taýýarlanlary hut biziň özümiziň ýagşylygymyz üçin gerekdir. Eger-de biz özümiziňkide berk dursak, onda dileg bilen Hudaýa bil baglamyklyk sebäpli öňümizde açylýan uly mümkinçiliklere düşünýän däldiris. Muny biziň meşhur brokeriň ýanyna gelip, oňa öz pullarymyzy berip, olar bilen onuň näme etmelidigini aýdyp, hatda onuň pikirlerini bilmäge-de çalyşman, ol ýerden gidýändigimize deňeşdirip bolýandyr. Dileg etmeklik bilen, siz özüňiziň Hudaýyň erkini bilip, oňa boýun bolmak islegiňiziň bardygy hakynda aýdýansyňyz, bu diýmeklik bolsa, Hudaýyň özüňiz hakyndaky niýetleriniň özüňiz üçin ýagşylyk boljakdygyna ynamlysyňyz diýmekligi aňladýandyr. Özüniň hatynda resul Ýakup şeýle ýazýar: «Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder» (Ýakup 4:10). «Peseliň» sözüniň astynda resul şuny göz öňünde tutýar: özüňiz üçin nämäniň ýagşylykdygyny bilýändigiňiz hakynda oýlanmagyňyzy bes etdiriň; özüňiziňkini talap etmekligiňizi bes etdiriň, Hudaýyň erkine boýun boluň, Hudaýa ynanyň, goý, Ol siz hakda alada etsin, sizi ösdürsin, size akyldarlyk we bilim bersin, çünki özüňiziň bilşiňiz ýaly, Hudaý sizi söýýändir. Ol sizi arşa galdyrar. Hudaý size pata berer, siz hakda alada eder, mätäç bolan zadyňyzy berer we özüňiziň bolmalyňyz, ýagny Özüniň sizi ýaradyşy kimin adam bolmagyňyza kömek eder. Dileg etmeklik bilen, siz özüňiziň Hudaýyň erkini bilip, oňa boýun bolmak islegiňiziň bardygy hakynda aýdýansyňyz, bu diýmeklik bolsa, Hudaýyň özüňiz hakyndaky niýetleriniň özüňiz üçin ýagşylyk boljakdygyna ynamlysyňyz diýmekligi aňladýandyr. Mukdaddes Kitap Hudaýyň bizi we öz çagalarymyzy sylaglandyrmaga isleýän täsin zatlaryň bardygy hakynda gürrüň berýär we eger biz dileg edip, öz durmuşlarymyzy Oňa ynansak, çagalarymyza bolsa Onuň ýolundan ýöremekligi öwretsek, onda Ol bu zatlary bermekligi diňe bir berip bilýän däl-de, eýsem biziň üçin olary bermegi isleýändirem. Hudaý şeýle yglan edýär: Çünki siziň üçin niýetlän niýetlerimi Özüm bilýärin Reb diýýär, olar size gelejek we umyt bermek üçin ýamanlyk däl, parahatlyk niýetleridir. Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gidip, Maňa dileg edersiňiz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz, bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Ýeremeýa 29:11-13 (Mezmur 40:5; 86:5 we Efesliler 3:20-ni okaň, bu ýerlerde siz Hudaýyň ýagşy niýetleri hakynda tassyklamalary we olary Hudaýyň ýerine ýetirmäge ukyplydygy hakyndaky beýleki wadalary taparsyňyz). Dilege jogap almaklyk: ynamda ösmekligiň elementi Eger biziň çagalarymyz diňe bir fiziki taýdan däl-de, eýsem ruhy taýdan hem össeler, onda Hudaý olaryň durmuşynda Özüniň ähli wadalaryny amala aşyrmaklygy isleýändir. Ol bize şuny anyk düşündirýär: eger-de biz Onuň erkine boýun bolsak, onda ähli anyk dileglerimize Onuň jogap berip, bize Öz söýgüsini aýan etjekdigine bil baglap bilýändiris. Ýöne seresap boluň — bu biziň Hudaý bilen öz gatnaşyklarymyzy ösdürip, diňe Oňa bil baglamaklyga öwrenmelidigimiz bilen berk baglynyşyklydyr. Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter (Ýahýa 15:7; şeýle-de, Ýahýa 14:13-14, 15:16, 16:23-24 seret). Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar. Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. Onuň buýrugy bolsa Ogly Isa Mesihiň adyna iman etmegimiz, Onuň bize buýruşy ýaly, biri-birimizi söýmegimizdir. 1 Ýahýa 3:21-23 Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris. 1 Ýahýa 5:14-15 Ýokarda getirilen aýatlaryň iň soňkusynda Ýahýa resul Ýakubyň aýdanlary hakynda diýýär: eger biziň dileýänimiz öz erkimiz bilen däl-de, Hudaýyň erki bilen ylalaşýan bolsa, diňe şonda Ol biziň dileglerimize jogap berer. Onuň erkini ýerine ýetirerimiz ýaly, biz nädip dileg etmeli? Biz iki esasy berk tutmalydyrys. Birinjiden, Mukaddes Kitapda bize Hudaýyň erki açylýandyr. Şonuň üçin hem Mukaddes Kitapda oňat iş hökmünde agzalmaýan zat hakynda soramaklyk ýa-da Hudaýyň parzlaryna garşy bolan bir zat hakynda dileg etmeklik — Hudaýyň erkine garşy çykmaklykdyr. Mysal üçin, Mukaddes Kitapda »Hudaý söýgüdir» diýlen we öz ýakynymyzy söýmekligi Hudaý bizden talap edýär. Şonuň üçin özümize ýaramaýan adama Hudaýyň zyýan ýetirmekligi hakynda dileg etmekligiň peýdasy ýokdur. Galyberse-de, Hudaýyň erkine laýyklykda, dilegde biz öz isleglerimiziň deregine özümiziň Hudaýa bolan umydymyz hakynda kän aýtmalydyrys. Adamlaryň şol bir mätäçligi Hudaýyň kanagatlandyrmaklygy hakyndaky iki dilege seredip geçeliň. Olaryň haýsysynda Hudaýa bolan umyt hakynda kän gürrüň edilýär? «Hudaýym, men maşynymy urdum we indi maňa täzesi gerek. Haýyş edýärin, meniň şu dilegimi ýerine ýetir». «Hudaýym, şu gün meniň öz maşynymy urandygym hakynda Sen bilýärsiň. Haýyş edýärin, maňa akyldarlyk ber we indi özümiň näme etmelidigime düşünmegime kömek et». Ikinjiden, Hudaýyň niýetleri ýagşydyr. Hudaý bilen özümiziň gatnaşyklarymyzda dileg özüniň köp görnüşlerinde gürrüňdeşligi göz öňünde tutýandyr. Dileglerimizde biz öz durmuşymyzy — ähli pikirlerimizi, işlerimizi we aladalarymyzy — rehimdar Hudaýyň eline tabşyrýandyrys. Biz Oňa ynanýarys we Ol bize öwredip, terbiýeleýär, biz hakda alada edip, bizi goraýar. Özümiziň näme etmelidigimizi görkezmegi hakynda biz dileýäris; özümiziň Oňa meňzäp bilmegimiz üçin biz Onuň ýolbaşçylygyny dileýäris; özümiziň akýürekli bolup bilmegimiz we söýýän, ynamly Atamyz bolan Özi bilen berk gatnaşyklary gurup bilmegimiz hakynda dileg edýändiris. Hudaýyň söýgüsi Dileýän ähli zadymyzy Hudaýyň bize berýänligi hakyndaky iň güýçli aýatlaryň köpüsi resul Ýahýa tarapyndan ýazylypdyr. Ol özüni «Isanyň gowy görýän şägirdi» diýip atlandyrýar (Ýahýa 21:7, 20 seret). Ýöne Ýahýanyň Isanyň beýleki on bir şägirtlerini söýmändir ýa-da olary özünden kem söýendir diýip hasaplamandygyna men ynamlydyryn. Şeýle bolan bolmagy mümkin, ýagny Isanyň söýgüsini görüp, Ýahýa özüni we biziň hemmämizi Hudaýyň neneň güýçli söýýändigine göz ýetiren bolsa gerek. Ýahýanyň özüni Isanyň söýýändigi üçin oňa özüniň ähli dileglerine Hudaýyň jogap berjekdigine ynanmaklygy kyn däldi. Biz öz çagalarymyzyň Hudaýyň özlerini söýýändiklerini bilmeklerini isleýändiris. Haçanda biz çagalarymyza dileg etmekligi öwretmäge başlanymyzda, olar dessine «ynamdaky äpetler» bolýan däldirler. Hudaý bilen gatnaşyk ösmekligi talap edýändir. Biz bu ýagdaýy tizleşdirip bilýän däldiris. Biz diňe çagalarymyzy gönükdirip, öwredip we olara goldaw berip bilýändiris. Çagalarymyza dileg etmegi öwretmekligiň dogry usuly — bu olara Hudaýyň Kimdigine düşünmeklige we Ony tanamaklyga kömek etmeklikdir. Hudaýyň özlerini söýýändiklerini görüp bilmekleri üçin, olaryň üsnlerini Hudaýyň ähli dileglere jogap berýändigine çekmelidiris. Eger çagalar Hudaýyň özleri hakynda alada edýändigine düşünseler, onda biz olaryň öz durmuşlaryny — ähli aladalaryny, isleglerini we kynçylyklaryny Oňa ynanmaklaryna yryp bilýändiris. Çagalarymyzyň Hudaýyň söýgüsi we Onuň tebigaty hakynda näçe kän bildikleriçe, şonça-da olaryň Oňa bolan ynamlary ösýändir. Haçanda olar özlerini Hudaýyň neneň güýçli söýýändigine düşünenlerinde, olar Ýahýa ýaly günde Onuň güýjüni, aladasyny we söýgüsini duýarlar. Emma diňe erjelli dileg Hudaý bilen şeýle gatnaşyklaryň ösmegini üpjün edip bilýändir. Oýlanyň 1. Durmuşyňyzyň haýsy taraplaryny Hudaýa ynanmaklyk siziň üçin kyn? Nikaňyz? Bu hakda ýazyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Durmuşyňyzyň bu taraplarynda Hudaýa köpräk ynanyp bilmegiňiz üçin nähili ädimleri ätmekligi çözüp bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Çagalaryňyza dileg etmekligi öwretmeklik döwründe özüňiziň kynçylyklary ýeňip geçmeklik tejribeňizi nädip ulanyp bilýärsiňiz? (Birnäçe pikirleri teklip ediň). __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 4. Durmuşyňyzyň Hudaýa ynanmaklyk üçin kyn bolan taraplarynda Onuň näme isleýändigini bilmegiňize näme kömek edip biler? Nädip siz öz çagalaryňyza Hudaýyň erkini tanamaklygy öwredip bilýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 5. Özlerini Hudaýyň söýýändigine çagalaryňyzy nädip ynandyryp bilýändigiňizi beýan ediň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Çaganyň ynamy Erjelli dilegiň esasynda Hudaý bilen gatnaşygyň nädip döreýänliginiň täsin mysaly biziň birinji babyň başynda gürrüňini eden oglanjygymyzyň durmuşy bolup hyzmat edýändir. Ol oglanjyk Jorj Waşington Karwer (1864-1943). Ol guldy we ata-enesiniň ölüminden soň ol öz hojaýynynyň elinde terbiýelenýär. Birnäçe ýyldan soň gullaryň azat edilmekligi hakyndaky buýrugyň çykanyndan soň, on iki ýaşynda ol mekdebe barýar. Onuň dileg durmuşynyň esasy dilegiň güýjüne bolan ynamdy. «Ähli zadyň beýik Ýaradyjysy bilen şahsy gatnaşyklar — bu doly we doýgun durmuşyň ýeke-täk esasydyr». 1885-nji ýylda Jorj ýokary okuw jaýyny gutarýar. Onsoň 1894-nji ýylda oba hojalyk ylymlarynyň bakalawry derejesini alýar we 1896-njy ýylda bolsa Aýowa ştatynyň Oba hojalyk kollejiniň ylymlar magistri deresine eýe bolýar. Ol ylmy derejelere eýe bolup, ýokary okuw jaýynda işlän ilkinji amerikanlydy. Soňabaka Jorj Karwer Alabamadaky Taskigi institutynyň oba hojalyk fakultetine ýolbaşçylyk etmeklige çakylyk alýar. Köp ýyllaryň içinde diňe pagta ekilmekligi bilen hor bolan Günortanyň oba hojalyk atyzlaryna Karwer ýer hozuny we süýji kartoşka ekýär. Bu bolsa diňe bir baý hasyl alman, eýsem topragy dikeltmeklige-de rugsat berdi. Fermerler ýer hozuny we kartoşkany şeýle bir kän ýetişdirýärdiler welin, hatda olary satmaga bazarlar ýetmezçilik edýärdi. Karwer özüne däp bolşy ýaly, bu kynçylyk bilen Hudaýa ýüzlenýär. Ýer hozuny nädip ulanyp boljakdygyny özüne Hudaýyň görkezmekligi hakynda Jorj dileg edýär. Dowamly barlag işlerinden soň ahyrynda Jorj, şol bir usuly ulanyp, ýer hozundan üç ýüz, kartoşkadan bolsa bir ýüz on sekiz ýasama önüm alýar. Olaryň arasynda medisina ýagy, syýa, reňkler, ereýän kofe içgisi, un, ýag, sirke, şepbik, dökün we ş.m. kän zatlary alýar. Jorj Waşington Karwer şeýle gürrüň berýär, ýagny ol her gezek tejribe geçirmezinden ozal Hudaýa ýüzlenip, özüniň näme etmelidigi hakynda Ondan sorapdyr. Ol şeýle diýýär: «Meniň açyşlarym maňa edil Hudaýyň ylhamlary ýaly gelýärdiler. Täze önümi öndürmeklik pikiri bilen onuň usuly mende şol bir wagtyň özünde peýda boldy…» (B. Miller. George Washington Carver, God’s Ebony Scientist (Grand Rapids: Zondervan, 1943).). Karweriň işleriniň netijesi oba hojalygynyň täzeden dikelmegi boldy, munuň yzysüre bolsa, Günortanyň ykdysadyýeti-de dikeldi. Ondan öň hiç kim hem ýer hozuna oba hojalyk serişdeşi hökmünde seretmändi. 1940-njy ýyla ýer hozy Günortanyň oba hojalygynyň öndüriliş göwrümi boýunça ikinji orunda boldy. Karweriň üstünliklerini ýadaman dowam etdirse bolýandyr. Ol bütin dünýä tanymal boldy. Ondan daşary ýurt häkimiýetleri maslahat alýardylar. Onuň bilen Genri Ford işleşipdi. Onuň bilen prezidentler bolan Kalwin Kulij we Franklin D. Ruzwelt duşuşypdylar. Ol kän sylaglara we ordenlere mynasyp bolupdy. Köpleri ýaly Tomas Edison oňa girdejisi 100 000 dollar bolan işi teklip edipdir. Karwer ony kabul etmän, Taskigi institutynyň diwarlaryny hiç haçan hem taşlamandyr, çünki ol özüniň öz ýerinde galmagyny Hudaýyň isleýändigini duýupdyr. 1944-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi Türkmenbaşy aýynyň 5-ini Jorj Waşington Karweriň güni diýip yslan etmeklik hakynda kanun kabul edýär. 1953-nji ýylda bolsa Kongres onuň ulalan we ilkinji gezek sadalyk we ynamlylyk bilen Hudaýa ýüzlenen ýeri bolan fermanyň ornunda onuň hormatyna ýadygärligi gurnamaklyk kararyny kabul etdi. Jorj Waşington Karwer şeýle diýipdi: «Ähli zadyň beýik Ýaradyjysy bilen şahsy gatnaşyklar — bu doly we doýgun durmuşyň ýeke-täk esasydyr. Hudaý bilen gürleşiň, Onuň bilen gürrüňdeş boluň we öz durmuşyňyza Onuň ýolbaşçylyk etmegine rugsat beriň. Käbir adamlar hiç haçan hem durmuşy çyndan bilmediler, çünki özleri bilen gaty meşguldylar… Eger siz durmuşyň ownuklaryndan ýokary bolmak isleýän bolsaňyz, onda Ýaradyjy bilen gatnaşyklaryňyzy gurmaga başlamalysyňyz…» (B. Miller. George Washington Carver, God’s Ebony Scientist (Grand Rapids: Zondervan, 1943).). Ýumuş: «ynam kitaby» 1. Öz çagalaryňyz bilen «ynam kitabyny» ýa-da «dilegler žurnalyny» ýasaň. Muny iki usul bilen edip bolýandyr. Birinji usul: çyzykly depder satyn alyň we onuň daşyny žurnallardan alnan suratlar ýa-da çagalaryň çeken suratlary bilen bezäň. Onsoň sahypalaryny birnäçe bölege bölüň. Bu ýerde sene, dilegiň gysgaça mazmuny we dilege alnan jogaby onuň senesi bilen ýyzylar. Muny şeýle edip bolar: Sene: ___________________ Meniň dilegim: _________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Sene: ___________________ Hudaýyň jogaby: ________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Ikinji usul: siz reňkli kagyzdan ýa-da nähilidir bir nagyş bilen bezelen kagyzdan kitap ýasap bilersiňiz. Kagyzlary kitabyňyzyň ölçeginde üýşüriň. Olary gysgyç bilen ýa-da ýogyn sapak bilen, ýa-da inçe sim bilen berkidiň. Eger gerek bolsa, sahypalaryň gyralaryny gaýçy bilen dogurlaň. Onsoň ýokarda görkezilişi ýaly edip, her bir sahypany çyzyklaň. 2. Siziň «ynam kitabyňyzyň» taýyn bolanyndan soň oňa gyzyňyzyň (ogluňyzyň) ilkinji dilegini ýazyň. Çagaňyzy ýatyranyňyzdaky her agşam bu kitaba siz täze dilegleri ýazyp bilersiňiz ýa-da bireýýäm ýazylan dilegi täzeden okap bilersiňiz, haçanda Hudaý jogap bereninde bolsa, alnan jogaby we onuň senesini ýazyň. Tizara siziň çagalaryňyz Hudaýyň ynamdarlygy hakynda şaýatlyk edýän ýazga eýe bolarlar we ony ençeme ýyllaryň içinde saklap bilerler. Bu Hudaýyň söýgüsi we aladasy hakyndaky oňat ýatlamadyr. Soraglar we ýumuşlar 1. Haçan siz soňky gezek öz dilegiňize jogap aldyňyz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Hudaýyň ýaňy-ýakynda jogap beren dilegleriňiziň ählisini ýazyň we ony çagalaryňyza görkeziň. Öz dileglerine-de Hudaýyň jogap berýändigine bu olara ynam berer. Goý, çagalar özleriniň Hudaýa ýüzlenenindäki haýyşlarynyň baryny ýazsynlar. 2. Şu bapdan siz çagalar we dileg hakynda nähili täze zatlary bildiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Siziň çagalara we dilege bolan gatnaşygyňyz çagalara dileg etmeklige öwretmeklik usulyňyza nähili täsir edýär? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 4. Çagalary terbiýelemekde Merýem bilen Ýusubyň durmuşlarynyň haýsy wakalary biziň üçin mysal bolup biler? Nädip? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 5. Ýetginjek Isanyň ybadathana barşy hakyndaky gürrüňden käbir zatlara çagalar düşünip, olary özleriniň başlaryndan geçirmeleri bilen deňeşdirmeklige ukyplydyrlar. Aşakda bu waka hakynda gürrüň berýän Mukaddes Kitapdan getirilen bölekden soň soraglar getirilen. Bu soraglar çagalaryň öz durmuşlaryndaky wakalary Mukaddes Kitabyň gürrüň berýän wakalary bilen deňeşdirmäge kömek eder. Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler. Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler. Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler. Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar. Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi. Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaý-gy edip gözledik» diýdi. Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi. Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler. Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy. Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy (Luka 2:41-52). • Isanyň bu syýahata ýola düşüp, Onuň näme duýandygy hakynda näme pikir edýärsiňiz? • Eger-de hatda siz islemedik bolsaňyz-da, ata-eneňiz bilen bir ýere gitmeli bolduňyzmy? • Isanyň ata-enesi Ony ýitirenlerinde, özlerini nähili duýdular diýip, siz pikir edýärsiňiz? • Siz haçan bolsa-da bir wagt ýitdiňizmi? Şonda siz özüňizi nähili duýduňyz? • Ybadathanadaky mugallymlar we beýleki adamlar Isa hakynda näme pikir etdiler? • Hudaýy tanary ýaly Isa gaty ýaşdy diýip hasap edýärsiňizmi? Öz garaýşyňyzy düşündiriň. • Näme üçin Isa Merýeme Özüniň Atasynyň öýündedigini aýtdy? • Isanyň ata-enesi şonda Oňa düşünen bolmasalar gerek. Özüňizi ata-eneleriňiziň düşünmedik wagtlaryny ýatlap bilýärsiňizmi? Şonda siz nämäni duýduňyz? • Siziň pikiriňizçe, näme üçin Isa ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy? • Akyllyrak bolup, Hudaýa we adamlara ýakymly durmuş bilen ýaşap başlamaklyk üçin siz näme edip bilersiňiz? Dileg üçin mowzuk • Çagalaryňyza Özi hakynda gürrüň bermeklige berýän mümkinçiligi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Dilegde we durmuşda akýürekli bolup bilmegiňize kömek etmegi hakynda dileg ediň. • Öz çagalaryňyz üçin oňat görelde bolup bilmegiňize kömek etmegi hakynda dileg ediň. • Öz dilegleriňizi eşidýändigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Çagalaryň haýsy kynçylyklary Hudaýa ynanmaklarynyň kyndygy hakynda oýlanyň. Olaryň ynamlaryny berkitmegi üçin dileg ediň. • Özüňiziň haýsy kynçylyklary Hudaýa ynanmagyňyzyň kyndygy hakynda oýlanyň. Bu hakda ýazyň, onsoň bu kynçylyklar hakynda dilegde Hudaýa gürrüň beriň. Oňa bil baglaýandygyňyzy aýdyň we aladasy üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. Çaganyň dilegi Çagalaryňyzyň ulanyp biljek dilegleriň mysaly. «Gökdäki Atam, Özüň bilen meniň gürleşmegimi isleýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Saňa elmydam bil baglap bilýändigim üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Haýyş edýärin, bu hakda hiç haçan ýadymdan çykarmazlygyma kömek et. Atam, meni_______________________________________ alada goýýar. Haýyş edýärin, bu hakda Özüň alada et. Kömek üçin hemişe-de Saňa ýüz tutup bilýändigim üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». «Gökdäki Atamyz, özüm bilen Seniň gürleşmeklik isleýändigiň üçin men gaty şat. Özümiň nämäni duýup, nämäni başymdan geçirýändigimi Saňa gürrüň berip bilýändigim gaty täsindir. Haýyş edýärin, Isanyň çagalykda dileg edişi ýaly dileg edip bilmegime kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». * IKINJI BÖLÜM. Dykgat! * Alty fut we dört dýuým bolan özüniň boýuna görä, oglan bireýýäm uly görünýärdi. Ýetginjek ýaşlaryndaky oglanlaryň bolşy ýaly, ol hor we biraz tagaşyksyzdy. Ýöne ol giň eginli we güýçlüdi, çünki nähilidir bir guraly göterip bilen gününden başlap, agyr fikizi zähmet bilen meşguldy. Ol görmegeý däldi, onuň ýowuz görünýän ýüzüni gara saçlaryň bir çogdumy bezeýärdi. Görmegeý bolmadyk daş-keşbine seretmezden, ol ýakymly täsir edýärdi, çünki ol akylly we gaty ýüregi açykdy. Ol okamaklykdan kän işleýärdi, emma başlangyç bilimi ol şonda-da alypdy. Onuň elastynda bary-ýogy ajazyk kitap bardy we olaryň arasynda «Piligrimiň syýahaty» we Mukaddes Kitap bardy. Kitabyň baş gahrymany bilen bolşy ýaly, durmuş ýigidi Beýik Lapykeçlik bilen ýüzbe-ýüz edipdi, Şübhe Galasyna alyp barypdy, Umytsyzlyk jülgesinden geçiripdi. Bu ýigidiň durmuşynda şatlykly wakalardan gaýgyly wakalar kändi. Onuň özüni bilen durmuşynyň ählisinde dileg etmäge başga alajy galmanynda, ulanýan ýeke-täk serişdesi bolupdy. Emma bu ýigidiň ynamy, hyjuwy, akýürekligi, berkligi we elbetde, özüniň kyn pursatlaryndaky Hudaýa edýän dilegleri ony beýik taryhy wakalara taýýarlady we bu wakalaryň amala aşmaklygynyň esasy bolup hyzmat etdi. Ýöne nesilleriň beýik diýip ýazyp geçen işleri bu ýigidiň amala aşyranyna deňeç, iň agyr jogapkärçiligiň ýüküni götermeklik wajyplygy we beýleki adamlary ejirleriň we elhençleriň içinden alyp geçmeklik ony dilegsiz hiç zady-da edip bolmaýandygyna bolan düşünjä alyp bardy. ABŞ-nyň on altynjy prezidenti we Raýatlyk urşy döwründäki baş serkerde bolan Awraam Linkoln dilege edil öz durmuşynyň esasyna bolşy kimin seredýärdi. Linkolnyň durmuşynyň özgerdiji pursatlaryny öwrenmeklik biziň özümiziň jemgyýet hökmünde nämäni göz öňüne getirýändigimize düşünmäge kömek edip biler, ýöne olara dilegiň adamyň durmuşyna edýän täsiriniň garaýşy babatda seretmeklik gyzykly bolar. Ikinji bölümiň ahyrynda biz Linkolnyň dilegiň güýjüne bolan ynamy hakynda gürrüň bereris. Indi bolsa çagalarymyza dileg etmekligi öwretmekligi nämeden başlamalydygyna seredeliň. Bu kitabyň ikinji bölüminde çagalara dileg etmegi öwretmekligiň usuly hakynda gürrüň berilýändir. Üçünji bölümde bolsa biz dilegiň aýratynlyklary, ýagny onuň görnüşlerinden başlap, olara Hudaýyň nädip jogap berşi bilen gutaryp, ol hakda gürrüň ederis. Kitabyň ikinji bölümi has wajyp bolsa gerek, çünki (biziň soňra göz ýetirişimiz ýaly) çagalara dileg etmegi öwretmeklik usulymyz köp derejede bu öwretmekligiň netijesini kesgitleýändir. 3-nji bap. Dileg etmeklik ýa-da dileg okamaklyk? Dileg etmeklik bilen dileg okamaklygyň arasynda uly tapawut bardyr. Näbelli ýazar Ähli ata-eneler — mugallymdyrlar. Çagalarymyz bizi synlaýarlar, bizden görelde alýarlar, bizden öwrenýärler. Öwretmeklige bolan biziň usulymyz esasy derejede onuň netijelerini kesgitleýändir. Biziň öwretmeklige bolan usulymyz näme bilen şertlendirilen? Ol biziň öwretmek ýagdaýynyň berk duran esasy taglymatlara bolan düşünişimiz bilen şertlendirilendir. Nädip dünýägaraýyş öwretmekligyň usulyna täsir edýär Eger gysgaça beýan etsek, onda biziň esasy durmuş kada-kanunlarymyz, ýagny biziň ynanýanymyz we durmuşa bolan gatnaşygymyz — bularyň bary biziň çagalara dileg etmegi öwretmek usulymyza öz täsirini ýetirýändir (ähli beýleki zatlardan başga) we biziň usulymyz bu öwretmekligiň netijesini kesgitleýändir. Biziň çagalyga bolan gatnaşygymyz Biziň dünýä garaýşymyzyň öwretmeklik usulymyza edýän täsirine mysal hökmünde, çaga oýunlary hakyndaky soraga seredip geçeris. Ata-eneleriň köpleri çagalaryň durmuşlarynda oýunlar bilen ulalyp barýan borçnamalaryň dogry halda laýyk gelmelidiklerine ynamlydyrlar. Şeýlelikde, biz olara hem ony, hem-de beýlekisini bermäge synanyşýandyrys. Ýöne käwagtlar biz çagalarymyza: «Entek çagalygyň gutarmanka, ondan keýplen» diýýäris we şeýle diýmeklik bilen çagalygyň aladalar bilen basdyrylmazlygyny göz öňünde tutýandyrys. Şol bir wagtyň özünde, biz uly durmuşyň kynçylyklardan doludygyny çagalarymyzyň düşünmegine ýol berýändiris. Haçanda biz muny fakt hökmünde kabul edip, durmuşyň hut şeýle gurnalandygyny hasaba alyp we hut şu düşünjeden ugur alyp, öz çagalarymyzy terbiýelänimizde, biz muňa laýyk netijeleri alýandyrys: biziň çagalarymyz ulalmagy islemeýärler, olar jogapkärçilikden gorkýarlar we diňe gyzyklanmalary halaýarlar. Adamlaryň şatlygy hem çagalygynda, hem-de uly ýaşlarynda başlaryndan geçirmekligi Hudaýyň kesgitländigine men ynamlydyryn. Ol adamyň bireýýäm çagalykda öz üstlerine jogapkärçiligi alyp, ýuwaş-ýuwaşdan, özüniň ösmegine laýyklykda, gitdigiçe kän borçnamalary ýerine ýetirmeklige öwrenmeklerini isleýändir. Çagalyk — bu diňe bir gyzyklanmalar we oýunlar däldir, eýsem diňe bir iş, okuw we türgenleşik hem däldir. Ol ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlanmagyň we öwrenmekligiň döwri bolmalydyr. Çagalykda adam öz durmuşyny şeýle gurnamaga öwrenmelidir welin, onda hem borçnamalaryň we şatlygyň sazlaşyklygy bolmalydyr. Bu ýagdaý tükeniksizdir. Ol bütin ömür dowam edýändir. Nädip biziň çagalyga bolan gatnaşygymyz çagalara dileg etmekligi öwretmeklik ýagdaýyna täsir edýär Eger biz ýokarda agzalan garaýyş bilen razy bolsak, onda biziň çagalary öwretmeklige bolan usulymyz deňagramly bolýandyr. Biz: «Goý, çagalarymyz çagalygyndan keýplensinler. Dileg etmeklige bolsa olar ulalanlarynda öwrenerler» diýmeris. Şeýle-de, biz öz çagalarymyzy ýumuk gözleri bilen dürli dogry zatlary diýip bilýän robotlar ýaly dileg edijelere öwürmeklige-de synanyşýan däldiris. Ne birinji aýdanymyz, ne-de ikinjisi Hudaýyň özümiz üçin isleýän sazlaşygyny berip bilýän däldir. Şeýle bolşy mümkindir welin, ata-eneleri dileg etmeklige öwretmekligi çagalarynyň ulalýanyna çenli yza çekmekligi çözenlerinde, olaryň Hudaýa we Onuň çäksiz rehmine ynanmaklary kyn bolup bilýändir. Ģagalygynda ýowuz we berk tertip düzgüni ýerine ýetirenler we durmuşylary «diňe şeýle bolmaly» diýen garaýyş esasynda gurlanlar dileg etmeklik isleglerini ýitirip bilýändirler. Dileg çaganyň durmuşyna tebigy halda girýändir. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, çagalar dileg etmeklik üçin ýaradylandyrlar. Olaryň ynamda ösdükleriçe, olaryň dilegleri hem «ösýändir». Hudaý bilen aragatnaşyk beýleki ähli aragatnaşyklaryň hem bolşy ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan ösýändir. Muňa düşünip, biz çagalarymyzy dileg etmeklige öwretmeklikde deňagramlylyk we ýuwaş-ýuwaşdan ösmeklik garaýşy boýunça hereket ederis. Biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyza degişli bolan hakykatlary bilmeklik Çagalara dileg etmekligi öwretmekligiň usuly barada gürrüň etmeklik bilen, biz şu aşakdaky jümlede jemlenen çylşyrymly meselenä çözmelidiris: biz öz çagalarymyza Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary gurmaklygy öwredip bilerismi? Ahyrynda bu sorag duýgy soragyna degişlidir we ony diňe düzgünleriň we formulalaryň kömegi bilen çözüp bolýan däldir. Galyberse-de, bu gatnaşyklarda ýene bir tarap bardyr — bu Öz erkine, Öz «iş tertibine» we Öz meşgullanmalaryna eýe bolan Hudaýdyr. Ony söýmeklerine biz öz çagalarymyzy mejbur etdirip bilýändirismi? Öz isleýşimiz ýaly, çagalarymyzyň duýgularyna Hudaýyň jogap bermegine Ony mejbur edip bilýändirismi? Eger biziň ýüregimizde şuňa meňzeş şübheler bar bolsa, onda bu siziň çagalaryňyzy dileg etmeklige öwretmeklik usulyňyza hökman täsirini ýetirer we ähli synanyşyklaryňyzy puja çykarar. Şeýlelikde, netijede biz öz çagalarymyzyň isleglerine we çözgütlerine ýolbaşçylyk edip bilýän däldiris we elbetde, haçan we näme etmelidigini Hudaýa görkezip bilýän däldiris. Ýöne Hudaý Özüniň öz çagalarymyz bilen ýakyn gatnaşyk etmek isleýändigine bizi ynandyrýar we biziň bu gatnaşyklaryň gurnalmagyna we ösmegine ýardam bermegimizi isleýändir. Ine, adamyň Hudaý bilen gatnaşyklaryna degişli bolan dört hakykatlar: 1. Adamyň Hudaý bilen gatnaşyklary onuň bütin ömründe ösýändir. Kitabyň birinji bölüminde aýdyp geçişimiz ýaly, çagalarymyzyň durmuşlarynyň merkezi olaryň Hudaý bilen ösüp barýan gatnaşyklarydyr. Şeýle gatnaşyklar Hudaýyň niýetine girýändir we Onuň isleglerine laýyk gelýändir. Eger biziň ýüregimizde şuňa meňzeş şübheler bar bolsa, onda bu siziň çagalaryňyzy dileg etmeklige öwretmeklik usulyňyza hökman täsirini ýetirer we ähli synanyşyklaryňyzy puja çykarar. 2. Ata-eneler öz çagalary bilen Hudaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň gurnalmak ýagdaýyna gatnaşýandyrlar. Hudaýyň niýeti boýunça, ata-eneler özleriniň çagalarynyň fiziki, aň we ruhy taýdan ösmeklerine ýardam bermelidirler. Bu borçnamany biziň üstümize atmaklygy bilen, Hudaý biziň muny özümiziň we öz akyldarlygymyza daýanyp däl-de, Onuň bilen bilelikdäki gatnaşyklarymyz arkaly ýerine ýetirjekdigimizi göz öňünde tutupdy. Bu ýerden biz şeýle netijä gelip bilýäris, ýagny Hudaý bizi bu wajyp bolan meseläni ýerine ýetirmekligimizde goldap, elmydam kömek etmege taýyndyr. 3. Biziň ruhy taýdan ösmekligimiz öňünden bellenen. Hudaýyň niýeti boýunça, ynamda ýuwaş-ýuwaşdan ösmeklik çagalary güýçli edýändir. Ýuwaş-ýuwaşdan ösüp, olar şeýle-de öz maksatnamalaryna oňat düşünip başlaýarlar we ahyrynda Hudaýyň olary görmek isleýşi ýaly adamlar bolup bilýärler. Süleýmanyň tymsallarynda şeýle diýlendir: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Şonuň üçin hem biz rahat bolup bilýändiris, çünki bu ýagdaýyň her bir tapgyrynda Hudaý biziň çagalarymyz bilen işläp, olary Özüne ýakynlaşdyrýandyr. Olara bolsa Ol bilimleri siňdirmeklik we ruhy taýdan ösmeklik ukybyny sylag berendir. 4. Mukaddes Kitapda bize Hudaýyň erki açylýandyr. Biz bilýäris: biziň adamlar bilen, mysal üçin, maşgalamyzda gatnaşyklary gurup bilmekligimiz üçin Onuň görkezmeler berşi ýaly, çagalarymyzyň hem Onuň Özi bilen gatnaşyklary ösdürip bilerleri ýaly, çagalarymyzy dileg etmeklige öwretmegimiz üçin Hudaý Özüniň Sözünde bize maslahatlar we görkezmeler berdi. Hudaý biziň bilen oýunjak oýnaýan däldir. Eger Ol biziň ýa-da çagalarymyzyň Özüni tanamaklary üçin bize görkezmeler we düzgünler berýän bolsa, onda Ol olary Özüniň wepaly bolýanlygy üçin berýändir. Hudaý biziň bilen edil işdeşler bilen bolşy ýaly işleşmek isleýändir. Bütin durmuşymyz dilege bagyş ediler. Eger biz aňymyz we ýüregimiz bilen şu dört hakykaty bilýän bolsak, onda bu biziň dileg etmeklige öwretmegimiziň usulynda öz yzyny galdyrar. Haçanda biz çagalarymyzy dileg etmeklige öwretmegimiziň ýagdaýynyň we onuň netijeleriniň Hudaýyň niýetine we erkine laýyk gelýändigini bilenimizde, Hudaýyň özümiz bilen bile işleýändigini hem bilýändiris, bu netijelere ýetmeklik üçin bolsa biziň ynamymyz berkeýändir we ýüregimizde parahatlyk döreýändir. Ata-eneler hökmünde bizi dünýä derejeli türgenleşdirijiler bilen deňeşdirip bolýandyr. Şeýle türgenleşdirijiler özleriniň okadýanlarynyň beýik netijelere eýediklerine ynanýandyrlar, çünki olar ýaş sportçularyň uly başarjaňlyga eýedigini bilýändirler, türgenleşdirijileriň özleri bolsa ýeterli serişdelere eýedirler. Öwretmeklik ýagdaýynyň Hudaýyň erki we niýeti boýunça gidýändigine ynamly bolup, biz bu borjy ynam we şatlyk bilen sabyrly ýerine ýetirýändiris. Işe şeýle dyrjaşmaklygyň usuly oňat netijeleri berer: biziň çagalarymyz Hudaýy söýerler, Ony tanarlar we Onuň bilen bolan gatnaşyklaryna öz durmuşlarynyň esaslaryna bolşy kimin serederler. Başga sözler bilen aýdanymyzda, biz dileg edip bilýän çagalary terbiýeleýäris. Dileg hakynda edil gürrüňdeşligiň serişdesi hökmünde ýatda saklamak Öwretmekligiň usulyna we onuň netijesine şeýle-de biziň dilegiň manysyna düşünişimiz hem täsir edýändir. Ýadyňyzda saklaň: birinjiden, dileg — bu Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklyk üçin Onuň bilen gürrüňdeşligiň serişdesidir. Ikinjiden, Hudaý bilen gatnaşyklar — bu biziň durmuşymyzyň esasydyr. Eger-de biz bu iki ýagdaýy edil hiç haçan hem geçmejek hakykat hökmünde kabul edýän bolsak, onda bu hökman biziň öz çagalarymyz bilen gatnaşyklarymyzda özüniň oňat täsirini galdyrar. Diňe bir ukudan öňki ýa-da naharda öňki, ýa-da kyn wagtlary başymyzdan geçirýän wagtlarymyzdaky däl-de, bütin durmuşymyz dilege bagyş ediler. Dilegiň maksady nähilidir bir ýagşylyklary ýa-da tiz kömegi almak bolman, eýsem Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklyk bolýandyr. Şonda biz öz çagalarymyzy diňe dileg etdik diýip aýdyp bolar ýaly, her günki agşamda dileg edişimiz ýaly däl-de, çyn ýürekden dileg edip, Hudaý bilen çynlakaý gürrüňdeşlige öwrederis. Galyberse-de, biz Mesihde ösmeklige başlaýandyrys, çünki Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyk bilen, biz Onuň akyldarlygyndan dolýandyrys we Onuň öz durmuşymyzda ýolbaşçylyk etmegini, öwretmegini we bizi özgertmegini dileýändiris. Mundan soň biz çagalara dileg etmekligi öwretmegiň käbir esasy garaýyşlaryna syn ederis, olar size öz borçlaryňyzy ýerine ýetirmäge kömek eder we öwretmeklik ýagdaýynyň özünde size we çagalaryňyza şatlyga eýe bolmaga kömek eder. Soraglar 1. Haçanda gürrüň çagalara dileg etmekligi öwretmeklik hakynda gideninde, dünýägaraýşyň, öwretmeklige bolan usulyň we öwretmekligiň netijeleriniň arasynda nähili baglanyşyk bar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Siziň üçin nämäni özgertmeklik kynrak: dünýägaraýşymy ýa-da çagalara dileg etmekligi öwretmeklige bolan usuly? Näme üçin? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Nädip siz bu ýagdaýy özgerdip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Nädip siziň dilegiň esasyna ýeterli düşünmezligiňiz siziň öz çagalaryňyzy dileg etmeklige öwretmeklik usulyňyza täsir edip biler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Hudaýyň özüňize öwredýän ähli zatalry üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Çagalaryňyza dileg etmekligi öwretmegiňiz üçin kömek edip bilýän pikirleriň peýda bolmaklygy üçin özüňizi Hudaýyň ruhlandyrmagy hakynda dileg ediň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atamyz, meni eşidýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Haýyş edýärin, Seni has-da oňat tanap bilmegime kömek et. Özümi söýüp, meniň Dostum bolýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 4-nji bap. Goý, dileg sada we çyn ýürekden bolmagyna galsyn Adam dileg etdi we ilki bilen dileg edýärin diýip oýlandy — diýmek ol gepleýär. Emma onsoň ol gitdigiçe dymyp başlady, ahyrynda bolsa özüniň dileg edýändigine düşündi — diýmek ol diňleýär. Sýoren Kerkegor Haçanda men on sekiz ýaşymda bolanymda, Isany öz Halasgärim hökmünde kabul etdim. Men özümi Hudaýyň bagyşlamagyny diläp, durmuşyma ýolbaşçylyk etmegini soradym. Bu karar meniň durmuşymy düýpgöter özgertdi, indi men diňe bir zada— Mukaddes Kitaby öwrenmeklige ymtylýardym, Hudaýy köpräk tanap, Ol hakda mümkin bolan ähli zatlary bilmek isleýärdim. Men ähli ýygnaklara, Mukaddes Kitaby öwrenmeklik sapaklaryna we dileg ýygnaklaryna gatnaýardym. Dynç günündäki iki ýygnagy hasaplaman, men hepdede bäş gezek, hatda alty gezek ýygnaga gatnaýardym. Şonda men dileg etmegi söýüpdim. Men dileg etmeklige entek çagalygymda öwrenipdim we nädip Hudaýa öz sözlerim bilen dileg edip, bir zatlardan göwnüm galanynda ýa-da howsalalyga düşenimde aglandygymy ýadyma salýaryn. Emma indi men başgaça dileg edýärdim. Men üns bilen beýlekileriň dileglerine gulak asardym. Men soraglar berýärdim, kitaplar okaýardym. Käbir wagtdan soň men (öz pikirim boýunça) dileg soraglaryndan ökde baş alyp çykyjy boldum. Men beýleki adamlaryň dileglerinde eşiden sözlerimi gaýtalap, ýygnaklarda dileg edýärdim. Her bir ýagdaý üçin mende oňa laýyk gelýän jümleler taýyndy. Ýekelikde galyp, men bir-iki sagadyň içinde dileg ederdim. Men adamyň bolup bilýän her bir ýagdaýy üçin, ýagny ýygnak üçin, dileg ýygnaklary üçin, toý üçin, maşgala baýramçylyklary üçin laýyk gelýän «dogry» dilegleri we Mukaddes Kitap aýatlaryny bilýän diýip hasaplaýardym. Men daňdan we agşamlaryna dileg ederdim. Hudaýyň perişdeleri şeýtan bilen erbet ruhlary gysyp, öz işlerini ýerine ýetirýärler diýip ynanmaga çalyşýardym. Öz dileglerimiň dogrudanam özgermeleri getirmekleri üçin, men Mukaddes Kitapdan gerekli aýatlary ulanyp, ýygnak çopanlary we syýasatçylar üçin «dogry» dileg edýärdim. Men dürli zatlar hakynda dileg edýärdim, men birini daňýardym we beýlekisini çözýärdim. Her dilegiň ahyrynda men «dogry» toba edýärdim. Netijede men şuňa göz ýetirdim — men bary-ýogy dileg edýän robotdyryn. Lenç edilen, ýatlanylan jümleler we «jadyly» sözler Hakyky dilegde biz talap etmän, ynanýandyrys. Bir gezek birnäçe ýyldan soň bir ýygnakda men bir wagyzçyny diňledim. Ol mowzukdan daşlaşyp, şeýle bir pikiri aýtdy welin, hatda ýygnagyň ahyryna çenli-de men başga ýekeje sözi hem eşitmedim. Ol ynanýanlaryň köpleri üçin dileg ençeme sözleriň ýygyndysy bolup galdy diýdi, hakykatda bolsa olar «garaňkylygy tutýarlar». Ol lenç edilen dilegleriň ençemesini getirdi we şeýle diýip sorady: «Näme üçin biz dileg edenimizde, biz şu jümleleri aýdýandyrys? Bu sözler „jadylymy“ ahyryn, olar özgermeleri amala aşyrmaklyga ukyplymy ahyryn?» Oňsoň ol şeýle ýagdaýy göz öňüne getirmegi haýyş etdi: «Myhmanlar siziň öýüňizde gijäni geçirmek üçin galdylar. Gijäniň ýarysynda siz elhenç ses sebäpli oýanýarsyňyz. Gap-çanaklar ýere gaçýar, çyra aşak inýär, adamlar gaty ses bilen aýak urýarlar. Siz uklaýan otagyňyzdan ylgap çykyp, myhmanlaryňyzyň ellerine haltalary alyp, ýollarynda duş gelen zatlary ýumurýandyrklaryny görýärsiňiz. Eger-de olar garaňkylygy tutmak isleýändiklerini size aýdan bolsadylar, onda siz näme diýerdiňiz? Siz olara ýöne çyrany ýakmaklygy maslahat berýän bolsaňyz gerek». Şol gün men şuňa düşündim: özüm muňa aň ýetirmän, eger gerekli wagtynda bolmalysy ýaly edip «dogry» dileg etseň, onda gerekli bolan asman guralyny herekete getirip, öz dilegleriň üçin jogaplara gapyny açyp bolýandygyna ynanýar ekenim. Meniň dileglerim maňa Hudaýy tanamaklyga, Oňa öz kynçylyklaryň hakynda gürrüň bermeklige, Oňa öz durmuşymy ynanmaklyga ýa-da beýleki adamlaryň agyrylary we başdan geçirmeleri hakynda gürrüň bermeklige rugsat bermeýärdi, çünki ol dilegler diňe islenýän netijäni alyp bolmaklyk maksady bilen aýdylýan ýat tutulan jümleleriň toplumydy. Dileg etmeklik — Hudaý bilen gürleşmekligi, Onuň erkine boýun bolmaklygy, Oňa öz islegleriň we kynçylyklaryň hakynda gürrüň bermekligi aňladýandyr. Hakyky dilegde biz talap etmän, ynanýandyrys. Biz Hudaýa dürli «dogry» sözleri aýdýan däldiris, biz Onuň söýgüsini we rehimdarlygyny almaklyk üçin Onuň ýanyna gelýändiris. Biz Hudaýyň öz isleglerimizi ýerine ýetirmekligine garaşyp, tükeniksiz «jadyly» sözleriň akymy bilen diwardaky deşigi ýarmaga synanyşýan däldiris. Hakykatda biz Hudaýa ähli zat hakynda, özümizi aladalandyrýan zatlaryň ählisi hakynda öz sözlerimiz bilen aýdyp, Onuň bilen gürleşýändiris, Oňa gulak asýandyrys. Biz diňe bir geplemän, eýsem gulak hem asýandyrys. Şol wagyzçyny eşidenimden soň birnäçe aýlap men daňdan düşegimden turup, hemişe dymyp durýardym, çünki näme hakynda we nädip dileg etmelidigini bilmeýärdim. Onsoň men Hudaýa özümiň aladalarym hakynda gürrüň berýärdim ýa-da bir zatlar hakynda Ondan soraýardym. Onsoň men Hudaý hakda we Oňa gürrüň beren ýagdaýym hakynda oýlanyp, ýene-de dymýardym. Şeýle dileglerden soň men ýüregimdäki rahatlygy duýýardym. Birnäçe wagtdan soň men akylly boldum, çünki haçanda men sesimi çykarman Hudaýyň barlygy hakynda oýlananymda, kellämde dürli pikirler döreýärdi we olar maňa dogry karary kabul etmäge kömek edýärdiler. Öňler men «dogry» dilegleri okap bilýärdim. Indi bolsa dileg etmeklige öwrendim. Hakyky dileg sada we ýürekden çykýandyr Bu çagalary dileg etmeklige öwretmekdäki gaty wajyp esasdyr. Çagalar ýeňillik bilen dürli sözleri we jümleleri ýat tutýandyrlar. Biz olaryň dogry sözleri we jümleleri ulanyp, dowamly we hyjuw bilen dileg etmeklige öwredip bilýändiris, şonda olaryň dilegleri islendik adama-da güýçli täsir edýändir. Emma şonuň bilen birlikde biz olaryň hakyky dilege öwrenmeklerine päsgel berýändiris. Olar öz oýunlary bilen şeýle bir gyzygarlar welin, hatda Hudaý bilen gürrüňdeşligiň asyl manysyny göz öňünden sypdyrarlar. Biz çagalarymyza çyn ýürekden geplemekligi, dilegde öz sözlerini ulanmaklygy, özlerini aladalandyryp, gyzyklandyrýan zatlar hakynda Hudaýa gürrüň bermeklerini öwretmelidiris. Biz çagalaryň Hudaýa diňe Onuň «hawa» ýa-da «ýok» diýip aýdyp biljek, Ol tarapyndan nähilidir bir hereketleriň talap edilýän zatlary hakynda däl-de, eýsem dilegde käwagtlar ýöne dymyp durup, oýlanmaklygyň hem ýeterlidigi hakynda aýtmalydyrys. Dileg sadaja bolmalydyr! Çaganyň dilegi we onuň ondaky ulanýan sözleri onuň özi üçin düşnükli bolup, çaganyň duýýan zatlaryny öz içinde saklamalydyr. Çagalaryň özlerine düşnüksiz bolan sözleriň toplumy bilen howany titredenlerinden, özleri üçin düşnükli bolan iki sözi aýdyp, ýatmaga gidenleri gaty oňat bolar. Eger-de biz otlynyň öňünden ylgaýan bolsak, ýagny çagalarymyzyň entek düşünmeýän zatlaryna olary öwretmek isleýän bolsak, onda biz dilegleri okaýan kiçijik robotlary almaklyk howpuna duçar bolýandyrys. Ýöne özümiziň käbir mätäçliklerimiz hakynda dileg etmegimiz we muny wagtal-wagtal etmelidigimiz hakynda Mukaddes Kitapda aýdylýandyr. Şonuň üçin hem biz Mukaddes Kitabyň teklip edýän dileglerine öz çagalarymyzy öwretmelidiris. Emma bu hökmany dilegleri-de çagalarymyzyň aňly-düşünjeli etmekleri üçin, olaryň Hudaý bilen açyk, ynamly gatnaşyklaryny goldamalydyrys. Özüm barada gürrüň edenimizde bolsa, men ahyrynda ýerlikli dileg durmuşyna dolanyp geldim. Men özümiň dileg etmeli bolan mätäçliklerim we adamlar hakynda dileg edýärin, ýöne indi meniň ýüregim Hudaý üçin açykdyr. Men Ony diňleýärin, Oňa özümi alada goýýan anyk kynçylyklarym hakynda, adamlar hakynda, käbir ýagdaýlar hakynda gürrüň berýärin we özüme kömek etmäge ýagdaýy bolan dostum bilen gürleşişim ýaly Onuň bilen gürleşýärin. Men öz sözlerim bilen dileg edýärin we her dileg öňküsinden tapawutlanýar. Dileg her gezek dürli bolmalydyr, çünki Hudaý bilen duşuşyk gaty tolgundyryjy ýagdaý ahyryn. Biraz soňrak biz çagalaryň heniz gaty kiçi wagtlarynda dilegleri we Mukaddes Kitabyň käbir aýatlaryny ýatlamaklygyň peýdaly bolýanlygy hakynda gürrüň ederis. Mukaddes Kitapdaky getirilen dilegler olaryň dileg durmuşlaryny baýadyp, dürli edip bilýändir. Ýöne iň esasy zat — bu özümizi diňleýän, biz hakda alada edýän we biziň bilen gürleşmekligi isleýän söýýän we güýçli Hudaý bilen gönüden-göni bolan gürrüňdeşlikdir. Eger-de biz otlynyň öňünden ylgaýan bolsak, ýagny çagalarymyzyň entek düşünmeýän zatlaryna olary öwretmek isleýän bolsak, onda biz dilegleri okaýan kiçijik robotlary almaklyk howpuna duçar bolýandyrys. Isanyň tassyklaýşy ýaly, çagalar Hudaý bilen gürleşmeklik üçin ýaradylandyrlar. Olar ulalanlaryndan soň Hudaý bilen gürleşmeklige öwrenerler diýen umyt bilen, biz dilegleri käbir görnüşlere geýdirip, olara öwredip bilýän däldiris. Ilki bilen olary Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyga öwrediň. Oýlanyň 1. Siziň Hudaý bilen gönüden-göni gatnaşyk etmegiňiz üçin nähili lenç edilen, ýatlanylan jümleler we «jadyly» sözler päsgel berýär? Olary sanap geçiň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Olardan azat bolmagyňyz üçin nähili kararlary kabul edip bilýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Siziň çagalaryňyzyň Hudaý bilen gönüden-göni gatnaşyk etmekleri üçin nähili lenç edilen, ýatlanylan jümleler we «jadyly» sözler päsgel berýär? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Çagalaryňyzyň olardan azat bolmaklaryna nädip kömek edip bilýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Çagalaryňyz bilen bilelikde hereket ediň Bir gezek meniň oglum iki ýaşyndaka, adat bolşy ýaly, dileg etmek üçin men onuň bilen yrgyldaýan kürsüde oturdym. Ýyly geýimlere geýnen oglum edil kiçijik mymyk lokga meňzeýärdi. Men kürsüde oňaýly oturyp, oglumy dyzymda oturtdym. Men dileg etmäge taýyndym. Onuň geljegi, onuň Hudaý bilen gatnaşyklary, häsiýetiniň ösmekligi üçin dileg edip başladym. Bütin bu wagtyň içinde ol meniň mähirli ündewlerime seretmezden, edil öl ýaglyga dolanan pişik ýaly öz ýyly geýimlerinde uzalýardy. Men saklanyp, özümiň nähili dileg edýändigimi onuň ýuwaşlyk bilen diňlemelidigini ogluma düşündirmäge synanyşdym. Haçanda men oňa: «Men seniň adyňdan dileg edýärin» diýenimde, meni bir pikir aňk-taňk etdi. Men onuň adyndan geplemeýärdim, onuň düşünýän dilegi bilen dileg etmeýärdim, onuň dileg etjek zady hakynda dileg etmeýärdim, men ol hakdaky özümiň dilegimi aýdýardym. Men ýene-de oňaýlyja oturdym we ogluma ýakyn bolan zatlar hakynda dileg edip başladym: «Hudaýym, Joşuanyň uly oglan bolup, hajathana özüniň baryp bilmegine kömek et! Isanyň ady bilen, omyn». Men oglumyň gyzyklanýan zady hakynda, ony hut şu wagt alada goýýan zat hakynda dileg etdim. Men sadaja, haýallyk bilen dileg etdim we onuň ünsüniň başga zatlar bilen meşgul bolup ýetişmänkä, dilegimi gutardym. Şondan soň meniň oglum üçin uzalmaklygyň deregine dileg etmeklik gyzykly boldy. Çagaňyzyň näçe ýaşynda bolýanlygynyň parhy ýokdur, siziň dilegiňiziň onuň üçin düşnükli bolmagy gaty wajypdyr. Biz sadaja we haýallyk bilen dileg etmelidiris. Tä meniň öz oglumyň ýagdaýyna girip, dilegimi oňa düşnükli edenime çenli, dileg oňa gerek bolmady. Ýumuş: çaganyň mätäçlikleriniň düzüwi Çagalaryňyzyň haýal etmän çözgüt talap edýän haýsy kynçylyklary hakynda siz dilegde Hudaýa gürrüň berip bilýärsiňiz? (Belki-de, hajathanany ulanyp bilmezligi ýa-da synpdaşlary bilen gatnaşyk edip bilmezligi?) Her bir çagaňyz bilen onuň kynçylyklary hakynda gürrüň ediň we dessine ol kynçylyklaryň (siziň özüňiziň däl-de, onuň kynçylyklarynyň) düwüwini düzüň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Onsoň bütin indiki hepdäniň içinde bu düzüwe ýüzleniň. Bu mümkinçiligi Hudaýyň öz çagalaryňyzyň ähli mätäçlikleri hakynda alada edýänligi hakynda gürrüň bermeklik üçin ulanyň. Esasy zatdan başlaň Çagalaryňyz bilen dileg etmeklige başlamazyňyzdan ozal, özümiziň näme edýändigimizi we näme üçin edýändigimizi düşündirmek wajypdyr. Dilegleriňiziň sada bolmagyna synanyşyň: biz näme hakda islesek, haçan islesek, nirede islesek, şol zat hakda dileg edip bilýändiris we şol bir wagtyň özünde öz sözlerimizi ulanyp bilýändiris. Çagalara nädip we näme hakynda dileg etmekligi düşündirmegiň iň ýönekeý usuly — bu şeýle diýmeklikdir: «Edil meniň bilen gürleşişiňiz ýaly, Hudaý bilen hem edil şeýle gürleşiň. Haçanda siz bir zat isläniňizde, menden soraýansyňyz. Haçanda siziň bir zatdan göwnüňiz galanda, ähli zady çözüp, özüňizi köşeşdirmegim üçin meniň ýanyma gelýänsiňiz. Eger men siziň göwnüňize degen bolsam, onda siz maňa bu hakda aýdýarsyňyz; eger siz kömege mätäç bolsaňyz, menden soraýarsyňyz; eger-de siz bir zada düşünmeýän bolsaňyz, onda düşündirmegim üçin menden soraýansyňyz». Biz näme hakda islesek, haçan islesek, nirede islesek, şol zat hakda dileg edip bilýändiris we şol bir wagtyň özünde öz sözlerimizi ulanyp bilýändiris. Dileg hem edil şeýle sadaja bolmalydyr. Hudaý biziň çagalarymyzy biziň özümiziň olary söýşümizden hem güýçli söýýändir, çünki Ol — olaryň baky Atasydyr. Biziň dileg etmegimiziň sebäbi şunda jemlenendir: Hudaý söýgüdir, Ol bizi söýüp, biz hakda alada etmegi üçin bizi ýaratdy. Biziň Ony oňat tanamagymyz üçin, Ol biziň bilen gürleşmek isleýändir. Ol biziň Oňa bil baglamagymyzy isleýändir, çünki Ol bize akyldarlyk we bilim berip bilýändir, Ol biz hakda alada edip bilýändir, ähli mätäçliklerimiziň öwezini dolduryp, durmuşymyza ýolbaşçylyk edip bilýändir. Bularyň baryny Hudaý biziň bu ýerdäki durmuşymyzyň bolup bildiginden has ajaýyp bolmagy üçin edýändir. Çagalaryňyzyň dileg etmelidikleriniň sebäbini ýönekeý sözler bilen düşündiriň: Hudaý sizi söýýär, Ol siziň Özüne dileg edip, Oňa bil baglamagyňyzy isleýändir. Çünki Ol size Öz söýgüsini aýan edip, durmuşyňyzy ajaýyp etmek isleýändir. Soraglar 1. Nädip siz öz dilegleriňizi we çagalaryňyzyň dileglerini çylşyrymlaşdyrmaga meýillisiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Öz dilegleriňizi nädip has-da sada edip biljekdigiňiz hakynda gürrüň beriň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Çagalaryňyza terbiýe bermegiňiz üçin Hudaýyň özüňize ähli zady berýänligi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Ýüregiňizi derňäp, özüňiziň Hudaýa ýakynlaşmagyňyza nähili lenç edilen sözleriň, jümleleriň, şekilleriň, ýalan başdan geçirmeleriň päsgel berýändigini görkezmegini Hudaýdan soraň. • Çagalaryňyzyň Hudaý bilen gatnaşyk edip bilmeklerine nämäniň päsgel berýändigini görüp bilmegiňiz we bu böwetleri ýeňip geçmekleri üçin olara nädip kömek edip biljekdigiňizi Hudaýyň açyp görkezmegi hakynda Ondan soraň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, meniň oňat oglan (gyz) bolmagyma kömek et. Özümi ________________________________ we ________________________________ öwredýändigiň üçin Saňa minnnetdarlyk bildirýärin. Ejem üçin, kakam üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin we özüm üçin hem edýän ähli aladalaryň üçin minnetdardyryn. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 5-nji bap. Goý, dileg gyzykly we adaty iş bolup galsyn Käwagtlar biz… ownuk zatlar bilen şeýle bir gyzyklanýandyrys welin, hatda iň esasy zat hakynda ýadymyzdan çykarýandyrys: dileg — bu baýramçylykdyr. Çaga özüni söýýän Atasy bilen wagtyny geçirmeklige gelýändir, — ine, dilegiň manysy nämede jemlenendir. Stiw Braun Öz dosty Lazary ölülerden direldip, Isa şeýle dileg edýär: «…Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym» (Ýahýa 11:41-42). Sadaja dileg. Täsin netije. Dileg etmeklik — Hudaýyň eşitmegi üçin akýürekli we pes göwünli bolup görünmegi aňladýan däldir. Mesihe has hem ýaramadyk günäleriň biri — bu ikiýüzlilikdi. Hudaý biziň sahna gurup, birden Hudaýyň özümizi isleýşi ýaly bolmagymyzy (ýagny bolup görünmegimizi) Ol isleýän däldir. Hudaý bizi söýýär we bizi özümiziň bilşimizden hem oňat bilýändir. Ol biziň Öz ýanyna özümiziň hakyky ýüzümizi gizlemän gelmegimizi isleýändir. Hawa, Ol Hudaýdyr we biz Öňa hormat bilen ýakynlaşmalydyrys, Ony sylamalydyrys, emma muny biz çagalarymyzyň özümize edişleri kimin ak ýürekden, hiç bir hilesizlik bilen, sözde we işde hormat we söýgi bilen etmelidiris. Hudaýa ýüzlenmegimiz bilen, biziň başga hili bolup (öz gylyklarymyzy we sözleýşimizi üýtgedip), edil haýsydyr bir prezidentiň kabulhanasyna gelşimiz ýaly gelmegimizi Ol islemeýändir. Edil siziň hem çagalaryňyzyň öz ýanlaryňyza dyza çöküp, sizi beýik merhemetli diýip atlandyryp, dabaraly sözleýiş bilen ýüzlenip, ýüzüňize bakyp durmagyny islemeýşiňiz ýaly, Hudaý hem Öz ýanyna siziň hut şeýle ýagdaýda gelmegiňizi islemeýändir. Siz olaryň hereketlerinde söýgi bilen hormatyň sazlaşmagyny islärdiňiz. Şeýle dälmi? Siz çagalaryňyzyň öz boluşlaryna galmaklaryny, özüňiz bilen arkaýyn we zorluksyz gepleşmeklerini, size hormat bilen gatnaşyk edip, siziň kimdigiňizi, araňyzda kimiň uludygyny we siziň olar üçin edenleriňizi ýatlarynda saklamagyny isleýänsiňiz. Ҫagalara dileg etmekligi öwretmeklik bilen, biz olara bu pikiri anyk beýan etmelidiris. Eger-de biz dileg edip, sesimizi gaty ýogyn edip, XIV asyrdakysy ýaly gepleýän bolsak, onda çagalar biziň özümizi alyp barşymyzy ýöne geň hasap ederler. Galyberse-de, Hudaýyň özlerinden gaty daşdygy hakynda olaryň oýlanmaklaryna sebäp berýändiris we eger olar Onuň patalaryna eýe bolmak isleseler, onda Onuň alnynda kesgitli roly oýnamalydyklary baradaky düşünje berýändiris. Eger-de çagalar geň we adaty bolmadyk Hudaýyň alnynda özlerini gowy alyp baran bolmaly ýaly duýsalar, onda olara Onuň bilen ynamly gatnaşyklary gurmaklyk kyn bolýandyr. Emma eger-de biz çagalarymyza: «Eger-de siz Hudaýdan gaharlanan bolsaňyz ýa-da özüňize bir zatlar ýaramaýan bolsa, onda Oňa bu hakda göni aýdyň. Oňa gygyryň, gaharlanyň. Hudaý düşüner» diýsek, onda olary Hudaýy hormatlamaga öwredýän däldiris. Biz Hudaý bilen akýürek bolmalydyrys, emma şol bir wagtyň özünde hormat goýujy bolmalydyrys. Ynam — hormatyň alamatydyr Hudaýyň perişdesi Jebraýylyň aýdan sözlerini Merýem bilen Ýahýa suwa çümdürijiniň atasy bolan Zekerýanyň kabul edişlerini deňeşdirmekligi size teklip edýärin. Zekerýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Men Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşmek, saňa bu hoş habary gowşurmak üçin iberildim. Ine, diliň tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersiň. Çünki sen meniň bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyň». Luka 1:18-20 Merem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok» diýdi. Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler». Luka 1:34-35 Ilki bada edil Merýem bilen Zekerýanyň ikisi-de şol bir soragy beren ýalydyrlar. Ýöne bu beýle däl. Zekerýa aslynda soramady-da, şeýle tassyklady: «Dursana, sen maňa muny subut etmelisiň. Meniň ýaşym saňa mälim we bu ýagdaý hem meniň garşymadyr!» Zekerýa perişdäniň Kimiň adyndan gepleýändigi hakynda ýadyndan çykarypdy. Merýem bolsa habaryň hakykylygyna şübhe döretmän, ony pes göwünlilik bilen diňledi we käbir zatlara degişli bolan soragy berdi. Merýem öz soragyna jogap aldy. Zekerýa bolsa dokuz aýlap lal bolup galdy. Hormat we sylaýan gatnaşyk hakynda sözler däl-de, hereketler şaýatlyk edýändir. Jebraýyl perişdäniň jogaby boýunça, Merýem bilen Zekerýanyň soraglarynyň dürlüdiklerine düşünip bilýändiris. Hormat we sylaýan gatnaşyk hakynda sözler däl-de, hereketler şaýatlyk edýändir. Bu ýagdaýda-da Hudaýa bolan hormat Onuň güýjüne we çyn ýüreklidigine bolan ynamyň derejesi bilen, ýagny ynamyň güýji bilen ölçenýändir. Sorag bermekligi bilen, Zekerýa hormatsyzlygy görkezdi. Merýem bolsa aňynyň bilesigelijiligini we aladalanmaklygy görkezdi. Men çagalarymyň özümi hormatlamaklaryny islärdim we hut şu sebäpden-de meniň bilen söýgi we sylamaklyk bilen gürlemeklerini islärdim. Men olaryň özümiň her bir sözüme «Hawa, kaka» diýip, şol bir wagtyň özünde men hakda pikirleriniň pes bolup, arkamda durup, öz içlerinden maňa her hili erbet sözler aýtmaklaryny islemezdim. Haçanda biz hormatly sözleýiş bilen gepläp, emma Hudaýyň söýgüsine, Onuň islegine we özümize kömek edip bilmek ukybyna şübhelenýän bolsak, onda biz hem öz wagtynda edil Zekerýanyň edişi ýaly, hormatsyzlygy görkezýändiris. Şonuň üçin hem biz öz çagalarymyza Hudaýy diňe bir agzymyz bilen däl-de, bütin ýüregimiz bilen hormatlamagy öwretmelidiris! Biz olaryň akýürek bolmaklaryna we Hudaý bilen öz sözleri bilen gürleşmeklerine öwretmelidiris. Hudaý biziň çagalarymyzyň Özüni hormatlap, Onuň Kimdigine we näme başarýandygyna düşünmeklerini isleýändir. Ol olaryň Özüne köpräk ynanmaklaryny isleýändir, çünki hut şonda Ol olara Öz söýgüsini aýan edýändir. Oýlanyň Hiç hili aýratyn usullary ulanman, siz nädip öz çagalaryňyza Hudaýy hormatlamaga öwredip bilersiňiz? Öz hereketleriňiz bilenmi? Sözleýşiňizi dogry saýlamaklyk bilenmi? Bir-iki usuly beýan ediň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Borçnamalar ýakymly bolup bilýändir Bir gezek men gyzyma rahat gijäni dilemeklik üçin onuň otagyna girdim we onuň bir romany okap durandygyny gördüm. — Sen bireýýäm dileg etmiňmi? — diýip, men ondan soradym. — Ýok, kaka. Muny etmelidigine men düşünýärin, emma Mukaddes Kitaby okap, dileg etmeklik roman okanyň ýaly gyzykly däl. Hudaý bilen gürrüňdeşligi we Ony tanamaklygy gyzyklanmalar bilen deňeşdirip bolmaýandygyna we kabul edýän hezilligiňiň derejesi bilen bahalandyrmaly däldigine biziň çagalarymyz düşünmelidirler. Mekdebe gatnamaklyk we sapaklary öwrenmeklik hemişe gyzykly däldir, emma eger muny etmeseň, onda biziň mümkinçiliklerimiz çäkli bolýandyr. Käwagtlar men öz çagalaryma şeýle diýmäge mejburdyryn: «Dogry iýmitlenmegiň edil buzgaýmak ýa-da süýji iýmeklik ýaly ýeňil däldigini bilýärin, ýöne eger siziň iýmitlenişiňiz dogry bolmasa, onda keselläp bilersiňiz we durmuşdan doly keýplenip bilýän dälsiňiz. Hudaý bilen gürrüňdeşlikde geçirilen wagt hem akyllylyk bilen gurnalan durmuşyň bir bölegidir». Gyzyma-da men hut şeýle diýdim. Onsoň men oňa: «Käbir borçlary biz öz ýagşylygymyz üçin ýerine ýetirýäris. Sen ertirine geýinmän bilersiň — oňa çynlakaý üns bereriň ýaly, bu gaty içigysgynç işdir, emma men şuňa ynamlydyryn: mekdebe uklaýan geýimleriňde gitmeklik seniň üçin kyn bolar» diýdim. Eger-de biz kelem iýmeli bolsak, onda bu ony hiç bir başga nahar bilen garyşdyrmaly däldigini aňladýan däldir. Çagalarymyzda dileg hakynda ýatmazdan ozalky edilýän edil däp ýaly ýa-da dogruçyl bolmak isleýän adamyň ýerine ýetirýän däbi ýaly düşünjäniň döremezligi üçin biz gaty seresap bolmalydyrys. Dilegiň öz durmuşlarynyň iň esasy we gaty wajyp taraplarynyň biridigini çagalarymyza düşündirmelidiris. Elbetde, dilegiň beýik sylagdygy hakynda pikiri hem biz olara aýtmalydyrys: dileg etmeklik bilen, biz Hudaýy tanamaklyk mümkinçiligini alýandyrys we Onuň goldawyna eýe bolýandyrys. Dilege bolan çynlakaý gatnaşygyň şu ýerde-de we bakyýetde-de bagtly we doly durmuşyň açarydygyny çagalarymyzyň ýatda saklamaklary, elbetde, gaty wajypdyr. Biz Hudaýy tanamaklyk, Onuň söýgüsini kabul etmeklik, ruhy taýdan ösmeklik we Onuň ýolbaşçylygy astynda ýaşamaklyk üçin ýaradylandyrys. Bu esassyz biz özümizi edil şahsyýet hökmünde ulanyp bilmeýändiris, butin dolulygynda durmuşdan keýplenip bilmeýändiris ýa-da käbir uly manyly işleri amala aşyryp bilmeýändiris. Dileg — bu biziň öz durmuşymyzy gurmaklyk üçin wajyp bolan ýöne bir daş däldir, bu burç daşydyr. Öz durmuşyny başga esasda gurýan adam ony çägede gurýandyr. Eger-de biz bu hakda öz çagalarymyza ýatladyp dursak we bu pikirde olaryň öz üsnlerini jemlemäge kömek edip bilsek, onda olar dilegiň wajyplygyny we näme sebäp bilen özleriniň dileg etmelediklerini bilerler. Dilegiň öz durmuşlarynda iň esasy we gaty wajyp bolan zatdygyny ýönekeý we gaty düşnükli bolan mysallar bilen düşündirmelidiris. «Danika, dileg — bu esaslaryň esasydyr. Durmuşyňy dilegsiz we Hudaý bilen gatnaşyksyz gurmaklyk, edil bütin durmuşyňda diňe süýjüden başga zat iýmän geçirmeklik ýaly samsyklykdyr. Bu hiç haçan ýuwunmazlyga, okamazlyga, geýinmezlige barabardyr. Eger-de çagalar muny özleşdiren bolsalar, onda öwrenmekligiň gyzykly we özüneçekiji bolmagy üçin, ony dürli-dürli etmekligiň wagty gelendir. Eger-de biz kelem iýmeli bolsak, onda bu ony hiç bir başga nahar bilen garyşdyrmaly däldigini aňladýan däldir. Eger-de siziň owadan geýimleriňiz bar bolsa, onda ertirlerine geýinmeklik gaty ýakymlydyr. Şeýle-de, eger mugallymlar sapaklary gyzykly we özüneçekiji etseler, mekdebe gatnap, okamaklyk has-da gyzykly bolar. Dilegi nähilidir bir täsin meşgullanma öwürmegimizi Hudaý isleýän däldir. Hawa, dilegiň maksady bize ýöne şatlyk we kanagatlanma getirmeklikden gaty beýikdir, emma dileg etmeklige öwrenmeklik we dilegiň özi ýakymly bolup, şatlyk getirip bilýändir. Haçanda biz öz çagalarymyzy dileg etmeklige öwredenimizde, biz öz sapaklarymyzy hem gyzykly, hem-de manyly edip bilýändiris. Ine, dileg etmeklige öwretmek ýagdaýyny has gyzykly etmekligiň birnäçe maslahatlary: 1. Çagalary dileg bilen gyzyklandyryň Goý, dileg üçin mowzugy we onuň wagtyny saýlamaklyk siziň üçin gyzykly we şatlykly iş bolsun. Haçanda siz: «Gel, dileg edeliň» ýa-da «Dileg etmegiň wagty» diýeňizde, sesiňiz ýumşak we ýakymly bolsun. Dileg — bu agyr borç däl-de, beýik sowgatdyr. Hudaý bilen gürrüňdeşlik — bu boş sözleri aýtmaklyk däl-de, hemişe gyzykly we özüneçekiji söhbetdeşlikdir. Eger çagalaryňyz size gulak asmaýan bolsalar we närazylygyny bildirýän bolsalar, ruhdan düşmäň, ýüzüňizi çytmaň we olary mejbur etmäň. Munuň deregine, Hudaýyň olary söýýändigini we olar bilen gepleşmek isleýändigini ýylgyryş bilen ýatladyň. Olary dileg etmäge mejbur etmäň, ýöne: «Şu gün men dileg ederin» diýiň. Sadaja we gysga dileg ediň, onsoň olary gujaklaň we öz işiňize dolanyň. 2. Öz dileg durmuşyňyza üýtgeşiklik giriziň Belki-de, siz meýilnama boýunça dileg edýänsiňiz, emma bu size agram salmaly däldir. Haçanda manysyz gaýtalamaklyk başlanynda, islendik tertip-düzgün hem içigysgynç bolýandyr. Kada bolan tertip-düzgüni ýok etmän, içigysgynçlykdan azat boluň, çünki kesgitli tertip-düzgün çagalary tertibä salýandyr we olaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýandyr. Munuň deregine bireýýäm bar bolan tertip düzgüne üýtgeşiklik giriziň. Hemişe bir täze zady meýilleşdiriň. Wagtal-wagtal siziň özüňiz çagalaryňyzyň dileglerini aýdyň. Haçanda çagalarymyz dynç günleri ýa-da gaty ýadan wagtlarynda giç turanlarynda, men aýalym bilen şeýle edýäris. Ýadan çagalary dileg etmäge mejbur etmän, biz olar üçin dileg edip, nägileligiň döremeginden gaça durýandyrys. Bu özüňiň hususy mysalyň bilen öwretmeklige oňat mümkinçilik berýändir. Öz dileg durmuşyňyza üýtgeşikler giriziň we şonda Hudaý bilen gürrüňdeş bolup, ne siziň özüňiz, ne-de çagalaryňyz içigysmalygy ýa-da kanagatlanmasyzlygy duýarsyňyz we siziň ruhy ösüşiňiz saklanmaz. Ine, ýene bir maslahat. Her çagaňyz bilen aýratyn dileg etmegiň deregine olaryň hemmesini bile ýygnap, dileg ýygnagyny gurnamaga synanyşyň. Dürli otaglarda ýa-da dürli görnüşlerde dileg ediň. Eger siziň maşgalaňyzda aýdym aýtmagy halaýan bolsalar, onda birnäçe aýdymlary ýa-da öwgi mezmurlaryny aýdyň. Hudaýyň özüňize berýän dürli patalary üçin bilelikdäki minnetdarlyk dileglerini gurnaň. Öz dileg durmuşyňyza üýtgeşikler giriziň we şonda Hudaý bilen gürrüňdeş bolup, ne siziň özüňiz, ne-de çagalaryňyz içigysmalygy ýa-da kanagatlanmasyzlygy duýarsyňyz we siziň ruhy ösüşiňiz saklanmaz. 3. Çagalara Hudaýyň söýgüsi hakynda ýatladyň Hudaýyň özlerini nähili güýçli söýýändigi we özleri bilen Onuň gürrüňdeş bolmagy isleýändigi hakynda çagalaryňyza hemişe ýatladyň. Dileg etmegiň öň ýanynda çagalaryňyza Hudaýyň olary söýýändigi, olary diňlemekligi, olara kömek etmegi we olar hakda alada etmegi isleýändigi hakynda aýtmaklygy düzgün hökmünde kabul ediň. Bu hakda her çaga: «Hudaý seni gaty güýçli söýýär» diýiň. Çagany Hudaýyň söýýändigine ynandyrmaklyk ony özüňiziň söýgüňize ynandyrmaklyk ýaly wajypdyr. Hudaýyň üýtgemeýän söýgüsi hakdaky bilim — çagalarda Hudaýy tanamaklyga bolan islegi oýarmaklykdyr. Galyberse-de, Hudaýyň olaryň özlerini söýýändigine bolan ynam olaryň ynamlaryny berkidýändir we netijede olar özleriniň söýýän Atalary bilen gürleşmäni islärler. 4. Öz çagalaryňyzy ruhlandyryň Çagalaryňyzyň öwretmekligiň haýsy tapgyrynda bolýandyklarynyň parhy ýokdur, gazanan üstünlikleri üçin olary ruhlandyryň we magtaň. Dileg edip bolanlaryndan soň olaryň muny nähili oňat edendikleri hakynda aýdyň. Haçanda olar dileg hakynda käbir täze zatlary bilenlerinde, ýagny ýene bir basgançagy geçenlerinde, olary magtaň. Haçanda çagalaryňyz öz bilenleri boýunça dileg etmeklige batyrgaýlyk edenlerinde, bu hakda öz pikiriňizi olara aýdyň. Mysal üçin, eger olar öz dostlary üçin dileg eden bolsalar, dostlaryň üçin dileg etmekligiň oňat işdigini aýdyň we haçanda biz başgalar üçin dileg edenimizde, Hudaý hem halaýandyr. Eger olar akyldarlyk dileseler, haçanda Süleýmanyň Hudaýdan akyldarlyk soranynda, munuň Hudaý üçin neneň ýakymly bolandygy hakynda aýdyň we Hudaýyň bolşy ýaly, siz hem olardan hoşalsyňyz. Hatda eger siz bir zatlarda çagalaryňyzy dogurlamaly bolaýsaňyz-da, olaryň eden hut oňat işlerini belläp geçiň, onsoň bolsa ýumşak halda bellikleriňizi aýdyň we olaryň şu wagt öwrenýändiklerini, ahyrynda bolsa baryny başaryp biljekdiklerini aýdyň. Eger-de biz çagalarymyzy öwredip, olaryň ýalňyşlyklaryna däl-de, üstünliklerine üns berip, olary ruhlandyrýan bolsak, onda oňat netijeleri gazanarys. 5. Dileg — rahatlygyň çeşmesidir. Dilegi edil şatlygyň, patanyň we rahatlygyň çeşmegi hökmünde ulanyň. Hudaý — biziň her bir hereketimize syn edýän göz däldir, ol bizi öz ýalňyşlyklarymyz üçin jezalandyrýan gazaply kazy hem däldir. Hudaýdan poliseýi etmäň. Ol ata-eneleriň ýakynda bolmanlarynda, çagalara seredýän öz nobatynda duran poliseý däldir. Hudaý diňe Özüniň bize syn edýänligi sebäpli özümizi oňat alyp barmagymyzy isleýän däldir. Eger-de siz hakykatda günä etmeýän hem bolsaňyz, ýamanlygy oýlanmaklygyň özüniň bireýýäm günä etmeklige barabardygy hakynda Isa aýdypdy (Matta 5:27-28 seret). Hudaý biziň Özüni söýüp, Oňa bil baglap, Onuň erkini ýerine ýetirmegimizi, özümizi söýýänligi üçin bar zady biziň ýagşylygymyz üçin edýändigini bilmegimizi isleýändir. Biz hiç haçan hem Hudaýdan öz çagalarynyň hereketlerine syn edýän enekeni etmeli däldiris. Munuň deregine biz Hudaýyň oňatdygyna çagalarymyzy ynandyrmalydyrys. Munda bize dileg kömek eder. Haçanda bir oňat zat bolanynda, biz dessene Hudaýa Onuň ýagşylygy üçin minnetdarlyk aýtmalydyrys. Haçanda çagalarymyz bir zat sebäpli aladaly bolanlarynda, biz dileg etmeklik üçin bu ýagdaýy ulanmalydyrys. Şeýlelik bilen, çagalar islendik wagtda, islendik ýerde dileg edip bolýandygyna öwrenerler. Diňe ukudan öň ýa-da diňe öýde dileg edip bolýan däldir. Hemişe we hemme ýerde. Biz hiç haçan hem Hudaýdan öz çagalarynyň hereketlerine syn edýän enekeni etmeli däldiris. Haçanda biz bilelikdäki dilegde çagalarymyzyň durmuşlarynda bolup geçen nähilidir bir oňat we şatlykly waka hakynda gürrüň berenimizde, biz çagalarymyzy aladalandyrýanyň Hudaýy hem aladalandyrýandygyny görkezýändiris. Eger-de olar bir zatdan öýkeläp, gamlanan bolsalar, biz olary elimize alyp, Hudaýyň olary köşeşdirip, bu kynçylygyň Onuň çözmekligi hakynda dileg edip bilýändiris. Biz Hudaýyň teselli bereji bolmagyna rugsat bermelidiris. (Hudaýyň berýän tesellisiniň siziň «gel, men seni gujaklaýyn we bary geçer» diýýän sözleriňizden gaty wajypdygyna çagalaryňyz düşünmelidirler). 6. Dilegiň beýik sylagdygy hakynda çagalaryňyza ýatladyň Özümiziň dileg edip bilýänligimiziň neneň täsindigi we dilegiň neneň beýik sylagdygy hakynda biz öz çagalarymyza her bir oňaýly pursatda ýatlatmalydyrys; özümiziň näme üçin dileg edýändigimizi biz olara düşündirmelidiris we şol bir wagtyň özünde dilegiň manysyny belläp, olaryň dileg etmeklik isleglerini goldamalydyrys. Hudaý biziň çagalarymyzy söýýär we olaryň Özüni tanamaklaryny isleýändir. Ol olary ýaşamaklyga öwretmek isleýändir, olara ýolbaşçylyk edip, olar hakda alada etmek isleýändir. Çagalarymyzyň durmuşlarynyň täsin bolmaklary, ýagny Özüniň başda niýetläni ýaly bolmaklary üçin, Hudaý edil biziň özümiz hakda alada edişi ýaly, Ol biziň çagalarymyza-da Öz söýgüsini aýan etmek isleýändir. Dileg çaganyň şahsyýetliligini serpikdirýän Hudaý bilen täsin söhbetdeşlik bolup bilýändir. Ýöne ol hormatly bolmaklygyna galmalydyr. Biz dilegiň borçdugyna we şol bir wagtyň özünde beýik sylag we şatlykly işdigine öz çagalarymyzy öwretmelidiris. Çagalarymyzyň ynamda ösdügiçe, olar öz durmuşlarynda Hudaýyň barlygyny şonça-da kän duýup, Onuň jogaplaryna düşünip, Onuň bilen gürrüňdeşlikden we öz dilegleriniň netijelerinden keýplenip başlarlar. Olar dileg etmekligi söýerler, emma ilki bilen biz alada bilen olary muňa öwretmelidiris, olary dileg etmeklige öwretmeklik bilen bolsa, biz olarda Hudaý baradaky düşünjäni berkidýändiris. Soraglar 1. Çagalaryňyzyň uklamazdan öň näme bilen meşgul bolýandyklaryny synaň, mysal üçin, diş ýuwýarlar, geýimlerini çalyşýarlar we dileg edýärler. Çagalaryňyzyň dileg etmeklige bolan gyzyklanmalaryny güýçlendireriňiz ýaly, siz nädip şu wagta çenli gelen tertip-düzgüni üýtgedip ýa-da başgaça gurnap bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Hudaýyň özlerini söýýändigini çagalaryňyza görkezmeklik üçin siz näme edip bilersiňiz? Edip biljek işleriňiziň düzüwini ediň we indiki hepdäniň her gününinde bu düzüwiň bir işini ýerine ýetiriň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Gözüňizi ýumuň we pikiriňizde Hudaýy göz öňüňize getiriň. Siziň pikiriňizde nähili keşp peýda bolýar? Oňat gojamy? Gazaply kazymy? Söýýän atamy? Nähili häsiýetler has anyk peýda bolýar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Siziň pikiriňizçe, özüňiziň Hudaýy kabul edişiňiz siziň nädip we näme hakda dileg edýänligiňize täsir edýärmi? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Ýumuş: siz Hudaýy nädip göz öňüne getirýärsiňiz? Çagalaryňyz bilen bilelikde 3-nji soraga jogap beriň. Olar Hudaýy nähili görýärler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Goý, olaryň her biri özleriniň göz öňüne getirişleri ýaly edip Hudaýy çeksinler. Bu suratlar hakynda maslahatlaşyň. Olaryň meňzeşligi nämede? Nähili tapawutlary bar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Pursatdan peýdalanyp, çagalaryňyzda bolup bilýän Hudaý hakdaky erbet ýa-da ýalan göz öňüne getirmeler hakynda gürrüňleşiň. Dileg üçin mowzuklar • Hudaý bilen gürrüňleşmäge hukugyňyzyň bardygy üçin Oňa minnetdarlyk aýdyň. • Hudaýyň Özüni çuňrak tanap bilmegiňize kömek etmegi hakynda dileg ediň. • Özüňize we çagalaryňyza dileg etmäge päsgel berip bilýän Hudaý hakdaky ähli erbet göz öňüne getirmeleri aýyrmaklygy hakynda dileg ediň. Çaganyň dilegi «Hudaýym, Özüňi maňa açýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Haýyş edýärin, Özüňiň nähilidigiňi maňa aýan et. Seni köpräk tanamagyma kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 6-njy bap. Öňe hereket Dilegsiz adam köksüz agaja meňzeýändir. Papa piý XII Haçanda çagalary dileg etmeklige öwredeniňde, gözden sypdyrmaly bolmadyk iň esasy pikirleriň biri şunda jemlenendir, ýagny biz howlukmaly däldiris. Ynamda ösmeklik ýagdaýy azyndan dört sany esasy elementleri öz içine alýandyr. Olaryň ählisine-de deň derejede üns berilmelidir. Eger-de biz olaryň birine kän üns berip, beýlekisini äsgermezlik etsek, onda bütin ýagdaýy kynlaşdyrýandyrys. Diňe Hudaý şol bir wagtyň özünde çaganyň ähli dört ugurda ösmekligini mümkin edip bilýändir, ýöne ata-eneler bolan biz çagalarymyzyň ruhy taýdan ösmeklik ýagdaýyna gatnaşmagymyz bilen, päsgel bermän, tersine, bu ýagdaýyň çalt gitmegine kömek edýändiris. Ýadyňyzda saklaň, Hudaý bilen gatnaşyklary ösdürmeklik we ruhy ösüş — bütin ömür dowam edýän ýagdaýlardyr. Aşakda çagalarymyzy ösdürmeli bolan esasy dört ugur getirilýändir: 1. Dileg. Bu ugur öz içine dilegleri goşýandyr. Çagalar dilegiň dürli görnüşlerine öwrenýändirler, Mukaddes Kitabyň özümize dileg etmegi tabşyrýan zatlary hakynda çyn ýürekden dileg etmegi öwrenýändirler, şeýle-de olar özleriniň beýleki ähli kynçylyklary we mätäçlikleri hakynda dileg etmekligi öwrenýändirler. 2. Hudaý bilen gürrüňdeşlik. Bu ugur şunda jemlenendir: çagalar dileg wagtynda Hudaýy diňlemeklige we elmydam dileg etmeklige öwrenýändirler. Çagalarda Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyk, Ony söýüp, Ony agtarmaklyk islegi döreýändir. Olar Mukaddes Kitaby okap we ony öwrenip, Hudaýy çuňňur tanap başlaýandyrlar. 3. Şahsyýetiň ösmekligi. Şahsyýetiň ösmekligi diýlinde, çagalaryň akyllanyp, öz häsiýetlerini kämilleşdirip, Hudaýa ýakymly bolan durmuşy alyp barmaga başlaýandyklary göz öňünde tutulýandyr. Olaryň dileglerinde we adamlar bilen gatnaşyklarynda biz «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» ýaly Mukaddes Ruhuň miwelerini gitdigiçe kän görýändiris. Bu miweler resul Pawlusyň Galatýalylara bolan hatynda agzalyp geçilýändir (Galatýalylar 5:22-23 seret). 4. Ynamda ösmeklik. Çagalar Hudaýa bil baglamaklyga öwrenýändirler. Olar Ondan hiç zady hem gizlemezlige öwrenýändirler. Olar Hudaý bilen gürleşýändirler we ähli zatda Oňa boýun bolýandyrlar. Olar öz durmuşlarynda Onuň hereketlerini görmeklige, Onuň söýgüsine we oňat bolan erkine ynanmaklyga öwrenýändirler. Iň esasy zat — howlukmazlyk Ruhy taýdan ösmekleri we munuň yzysüre, öz durmuşlarynyň ähli taraplarynda patalary almaklary üçin, olar ýokarda agzalan ugurlaryň ähli dördüsinde-de şol bir wagtyň özünde ösmelidirler. Eger siz öz çagalaryňyzy öwredýän bolsaňyz, emma şunuň bilen birlikde dileg durmuşynyň beýleki elementlerini gözden sypdyrýan bolsaňyz, onda olaryň dilegleri resmi bolar, çagalar olary däp boýunça aýdarlar we olar garaşylýan peýdany getirmez. Eger-de çagalar beýleki ugurlarda ösmän, Hudaý bilen diňe gönüden-göni we dostlukly gatnaşyklary ösdürseler, onda olar tertip-düzgüne öwrenmezler we ynamda nädip ösmelidigini bilerler. Eger-de biz diňe şahsyýetiň ösmekliginde ünsümizi jemleýän bolsak, onda biziň çagalarymyz diňe özlerini kämil etmeklik bilen meşgullanýan ikiýüzliler we öz-özlerinden göwni bitgin bolup ýetişerler. Ynamda ösmeklik beýleki taraplarda ösmeksiz bolup bilýän däldir. Diňe sazlaşykly ösüş bize islenilýän netijeleri getirer. Biziň iň esasy meselämiz — bu çagalarymyza Hudaýyň özlerini dileg etmeklige öwretmegini dilemeklerine öwretmeklikdir. Bu ýagdaý bize çylşyrymly bolup görnüp biler, ýöne bu beýle däldir. Hudaý biziň şu dört taraplaryň ählisinde-de şol bir wagtyň özünde ösmekligimizi öňünden belledi we Ol biziň ösmegimiz üçin jogapkärdir. Hakykatda biziň iň esasy meselämiz — bu çagalarymyza Hudaýyň özlerini dileg etmeklige öwretmegini dilemeklerine öwretmeklikdir. Biz çagalarymyza Hudaýa şeýle manyly dileg bilen ýüzlenmekligi maslahat berip bilýändiris: «Hudaýym, men Seniň bilen biraz gürleşmek isleýärin. Saňa dileg etmegime kömek etmersiňmi?» Onsoň olar dileg edip başlamanka, birnäçe sekunt garaşsynlar. Belki-de, çagalarymyzyň dileg durmuşlarynyň başynda hiç zat hem üýtgemez, emma ahyrynda bu dileg öz roluny oýnar. Rim bir günde gurulmady. Çagalarymyzy dileg etmeklige öwretmeklik bilen biz olary bir başgançakdan beýlekisine ýuwaş-ýuwaşdan geçirmelidiris. Şunuň bilen birlikde, yzygiderli, duýgur bolmalydyrys, olaryň sapaklary neneň çalt özleşdirýändiklerini duýmalydyrys. Käwagtlar biz çagalar ähli zady dessine bilmeli diýip hasaplaýarys. Emma diwary çalt gurup, onsoň bolsa kän wagt sarp edip ony berkideniňden, howlukman, berk diwary gurmaklyk oňatdyr. Çaganyň häsiýetine laýyklykda we onuň öwrenmeklik ukybyna laýyklykda berk we üznüksiz ruhy ösüşen nädip ýetip bolýanlygy hakynda aşakda käbir degerli maslahatlar beriljekdir. Hudaýyň ýolbaşçylygy Ähli zada Hudaýyň ýolbaşçylyk edýändigini we Onuň biziň Mesihe ynamda ösmegimizi isleýändigini çagalarymyza aýtmalydyrys. Käwagtlar bolsa öwretmeklige we terbiýelemeklige-de Hudaýyň ýolbaşçylyk edýändigini özümize ýatlatmak hem gaty wajypdyr. Birnäçe ýylyň içinde men ruhy taýdan ösmegi isläp, her gün Mukaddes Kitaby okap, dileg etmeklige bar güýjüm bilen synanyşdym. Hepdeläp, hatda aýlap men edil sagadyň isleýän guraly kimin hereket etdim. Onsoň men beýleki işlere ünsümi berip başladym we gündelik dilegler we Mukaddes Kitaby okamaklyk gutardy. Haçanda bu amala aşanynda, men özüme gaty gaharlandym we Hudaýdan ötünç soramaga başladym: «Men dogrudanam muny etmegi isledim, Hudaýym, emma…» Her gezek men özüm üçin aklama tapardym. Hemişe diýen ýaly bu aklamalaryň manysy şuňa gelýärdi: «Hudaýym, men Seniň bilen gürrüňdeş bolmak isleýärin, emma munuň üçin wagt tapyp bilmeýärin». Bir gezek men özümi nobatdakysy ýaly bu sebäp üçin käýeýärdim we özüme aklama gözleýärdim, birden meniň kellämde hakykatda bolup geçýänleriň suraty peýda boldy: men gapydan çykmak üçin basgançak boýunça aşak ylgaýaryn, aşakda bolsa basgançagyň ýanynda özüm bilen duşuşmaga taýyn bolup, Hudaý dur. Men Ony görüp: «Men gaty gynanýan, emma şu gün Seniň bilen duşuşyp bilmerin. Meniň gaty işim kän» diýýärin. Onsoň gapydan çykyp ylgaýaryn. Bu sahnada meni iki zat gaty geň galdyrdy. Birinjiden, men hiç haçan hem öz dostum, garyndaşym ýa-da işdeşim bilen şeýle hereket etmezdim. Ikinjiden, men munuň ýolbaşçylygyň soragydygyna düşündim. Onsoň men özümden: «Kim kime ýolbaşçylyk edýär?» diýip soradym. Eger-de men hemişe sizi çagyrýan bolsam, sizi görüp, siziň bilen wagtymy geçirmeklik üçin uzakdan gelendirin, emma siz elmydam işli we meniň saparymy, sözlerimi üsnsüz goýýarsyňyz. Elbetde, siz! Men diňe bir älemi Ýaradandan daşlaşman, eýsem Onuň bilen haçan gürrüňdeş bolmaklygymy-da çözmäge het etdim. Şonda men dileg edip başladym: «Hudaýym, Seniň üçin çözmäge synanyşýandygym üçin meni bagyşla. Sen ýolbaşçysyň. Sen meniň Atam we Ýaradyjym. Men Seniň ogluň. Atam, meniň üçin wagt tapyp, Seniň bilen gatnaşyklarymyň ösmegine kömek etmeklik Seniň erkiňe laýyk gelmezmi? Hemişe Seniň bilen gürrüňdeşlik üçin wagt geçirmekligi öwrenip bilmegime kömek et. Atam, muny Seniň isleýändigiňi men bilýärin we ýagdaýy Öz gözegçiligiň astyna aljakdygyňa umyt edýärin». Şol pursatdan soň meniň dileg durmuşym has guramaçylykly we has rahat boldy. Her gün men dileg edip, özüm üçin wagt tapyp, Onuň bilen bir sagat gürrüňdeş bolup bilmegim hakynda sorardym. Eger-de birden garaşylmadyk bir waka bolup, daňdaky dilegi goýberäýsem, men özümi höküm etmeýärin, Hudaýdan ötünç soramaýaryn (beýle diýmegimiň astynda men özümiň haçan dileg etjekdigimi özüm çözýärin diýmegi göz öňünde tutýaryn). Munuň deregine men Hudaýyň ýolbaşçylygyny boýun alyp, men Onuň özümiziň gürrüňdeşligimiz üçin wagt tapmagyny soraýaryn. Hemişe diýen ýaly Ol bu wagty maňa tapyp berýär. Bir gezek men özümiň meýilleşdiren wagtymda dileg edip bilmedim we şonda men maşyn dyknyşygynda durupdym, meşgullanara bolsa işim ýokdy. Birden men maşynyň yzky oturgyjynda ýatan Mukaddes Kitabymy gördüm… Beýleki gezek men gijäniň içinde oýandym we munuň Hudaý bilen gürrüňdeşlik wagtymdygyny bildim. Bu wagty Hudaýyň belländigini bilip, men ony neneň täsin geçirdim. Onuň Özi meniň bilen bu duşuşygy gurnapdy. Biz Hudaýa gözümizi dikmelidiris we dileg üçin we Onuň bilen gürrüňdeşlik geçirmeklik wagtymyzy kesgitlemek soragynda Onuň erkine boýun bolup bilmegimiz hakynda dileg etmelidiris. Şeýle-de, biz öz çagalarymyzy hem Onuň Özüne ýakynlaşdyrmagyna rugsat bermelidiris. Bu diýmeklik, biziň öz çagalarymyzy öwretmeklik, olara üns bilen seretmeklik we olary tertip-düzgüne salmaklyk ýaly öz borçlarymyzy ýerine ýetirmän bilýändigimizi aňladýan däldir. Bu diýmeklik, biziň alada etmän, gerek bolmadyk ýerinde hereket etmezligimizi aňladýandyr. Hudaýyň çagalarymyzy biziň söýşümizden hem güýçli söýýändigini bilip, biz arkaýyn bolmalydyrys we Ol hemişe olaryň durmuşlarynda bar bolýandyr. Eger biz ata-eneler hökmünde Hudaýyň özümize tabşyrýanlaryny ýerine ýetirip, Oňa bil baglaýan bolsak, onda Ol Öz tarapyndan Özüniň ähli wadalaryny ýerine ýetirer. Biz çagalarymyzyň duýgularyna, kabul edişlerine, ösüşlerine we isleglerine laýyklykda ýuwaş-ýuwaşdan ynamda ösmeklerine rugsat bermelidiris. Eger-de biziň edýänlerimiz edil agyr söweş ýaly bolýan bolsa, onda biz saklanyp, dileg edip, Hudaýyň akyldarlyk bermegini soramalydyrys. Onsoň öz yhlasymyzy köşeşdirip, çagany şatlandyrmak arkaly onuň ýüregine ýol tapyp, baryny täzeden başlamalydyrys. Oýlanyň 1. Wagt tapyň we özüňiziň dileg durmuşyňyz hakynda oýlanyň. Oňa kim ýolbaşçylyk edýär: sizmi ýa-da Hudaý? Bu hakda näme diýip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Eger dileg durmuşyňyza siziň özüňiz ýolbaşçylyk edýän bolsaňyz, onda ony nädip Hudaýyň ýolbaşçylygyna tabşyryp bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Şu wagt siz öz çagalaryňyz bilen nähili «agyr söweşleri» alyp barýarsyňyz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Eger-de siz öz çagalaryňyzy terbiýelemekde olar bilen umumy dili tapyp bilmeýän bolsaňyz, siziň pikiriňizçe, olaryň ýüregini näme aladalandyrýarka? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 4. Nädip siz öz çaglaryňyz bilen ýakynlaşyp bilersiňiz? Nädip bu «söweşi» bes etdirip, terbiýelemek ýagdaýyny çagalaryňyz üçin has ýakymly edip bolar? Çeperçilik ukyplaryňyzy ulanyň. Bu ýagdaýy özüňiz üçin hem ýakymly ediň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg şahsydyr Biz öz çagalarymyzy söýýändiris, ýöne her bir çaganyň aýratyndygy we her bir çagasy bilen gatnaşyklarynyň beýleki çagalary bilen gatnaşyklaryndan tapawutlanýandygyny bilen islendik ata-ene ylalaşýandyr. Biziň çagamyz bilen gatnaşyklarymyz diňe bir onuň şahsyýeti bilen kesgitlenýän däldir, eýsem olarda biziň özümiziň hem häsiýetlerimiz aýan bolýandyr, şonuň üçin hem dürli çagalarymyz bilen gatnaşyklarda biz özümi dürli hili alyp barýandyrys. Hudaý hem edil şeýle edýändir. Ol biziň hemmämizi söýýändir. Ol kimdir birini köpräk, beýleki birini bolsa azrak söýüp bilýän däldir. Ýöne Ol Özüniň her bir çagasyna jogap berýändir we çaganyň kimdigine, onuň Özi bilen gatnaşyklaryna laýyklykda, olara Özüni aýan edýändir. Hudaýyň iki sany birmeňzeş adamlary ýaratmandygy ýaly, Onuň dürli iki adam bilen hem bir hili gepleşmekligi-de bolup bilýän zat däldir. Bu täsin! Dawut patyşanyň ýazyşy ýaly, Hudaý her bir çagany enesiniň göwresinde ýaratdy we olaryň her birini «täsin tärde ýaratdy» (Mezmur 139:13-14 seret). Her bir adama Hudaý deň derejede berýär, emma şol bir zady däl. Eger-de öz çagalarymyz hakynda aýtsak, bu olaryň her biriniň aýratyn ýaradylandygyny aňladýandyr. Her bir çaga Ol Özi bilen täsin gatnaşyklary gurmaklyk mümkinçiligini berdi. Şonuň üçin hem çaga bu täsin gatnaşyklary gurnamaga kömek edýän dileg etmeklige öwretmekligiň ýagdaýy elmydam şahsydyr. Ine, siziň terbiýelemek we öwretmeklik usullaryňyzy çagaňyzyň aýratynlyklaryna we talaplaryna laýyk etmäge kömek edip bilýän birnäçe maslahatlar. 1. Öz çagalaryňyza Hudaý we dileg hakynda gürrüň beriň we olary ünsli diňläň. Hiç bir işe güýmenmän, çagaňyz bilen ýekelikde bolup biler ýaly boş wagt tapyň. Eger-de çagaňyz size ýüz tutanynda, ony ünsli diňlemeklik üçin wagt tapsaňyz, bu has hem oňat bolar. Ýadyňyzda saklaň, her bir çaga şahsy usul bolmalydyr. Çagalara ünsli gulak asmaklyk we olaryň dileg we öwretmeklik ýagdaýy hakynda aýdýanlaryna jogap bermeklik — bu özüňiziň dogry usuly ulanýandygyňyza ynamly bolmaklygyň iň oňat usulydyr. Olaryň soraglarynyň esasyna düşünmeklige synanyşyň. Onsoň çagalaryňyzy aladalandyrýanlary anyklamaga çalşyp, olaryň soraglaryna jogap beriň. Seresap boluň, siz wagtynda dileg etmäge ymtylyp ýa-da öwretmeklik bilen gyzyklanyp, çagalaryňyzyň gorkularyny we şübhelerini ünsden sypdyrmagyňyz mümkin ýa-da olaryň dileg etmeklikden ýüz öwürmeklerine eltip bilýänsiňiz. Iň oňady — çagalaryňyz bilen gürleşiň, olaryň düşünmeýän zatlaryny düşünmeklerine kömek ediň ýa-da bilelikde olaryň soraglaryna Mukaddes Kitapdan jogaplar gözläň. Iň esasy zat — bu çagalaryňyzyň Hudaý bilen öz şübhelerini we gorkularyny paýlaşyp, Ondan kömek diläp bilerleri ýaly, olar bilen gürrüň edip, ünslerini Hudaýa gönükdirmegiňizdir. Elbetde, ata-eneler bilen çaganyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary saklamaklyk — bu çaga bilen Hudaýyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary saklamaklyga bolan açardyr. 2. Çagalaryňyzyň dileg edişine we olaryň edýän haýyşlaryna gulak asyň. Käbirleri ses bilen dileg etmegi halaýarlar. Beýlekiler bolsa ýuwaşja öz içlerinden dileg etmek isleýärler. Käbirleri edil yzlaryndan kimdir biriniň kowup barşy ýaly, gaty çalt dileg edýändirler, beýlekiler bolsa yzyny üzmän gepleýändirler. Käbirleri öz ýakynlary üçin hemişe dileg edýändirler, beýlekiler üçin bolsa bu gaty kyn bolýandyr. Iň esasy zat — bu çagalarymyzyň dileglerini kesgitli bir görnüşe «salmaklyga» çalyşmazlygymyzdyr. Olaryň nämä kän üns berýändiklerine gulak asyň we özüňiziň öwretmeklik ýagdaýyňyzy olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda guruň. Olaryň oňat başarýan zatlary üçin sylaglaň we olaryň entek başaryp bilmeýän zatlaryna seresaplyk bilen kömek ediň. Ýadyňyzda saklaň, her bir çaga şahsy usul bolmalydyr. 3. Hudaýyň dürli hili şahsyýetleri döredendigini we her bir adama dürli sylaglary berendigini ýadyňyzda saklaň. Haçanda biz şahsyýetiň dürli görnüşlerini tapawutlandyrmaga öwrenenimizde, çagamyzyň aýratynlyklaryna laýyklyk-da özümiziň öwretmeklik we terbiýe bermeklik usulymyzy üýtgedip bilýändiris, çünki biz çagamyzyň nähili pikirlerinip, nähili hereket edýändigine düşünip bilýändiris. Bu sorag boýunça oňat kitaplar bize çagamyzyň häsiýetine düşünmegimize we onuň ukyplaryny bilip bilmegimize kömek edip bilerler. (Iki sany täsin kitaplar: Cynthia Ulrich Tobias «The Way They Learn: How to Discover and Teach to Your Child’s Strengths»; Gary and Norma Smalley «The Treasure Tree, John and Cindy Trent».) Ýöne ýadyňyzda saklaň: biz çagalarymyzy «synplara bölmeli» däldiris, psihologlaryň özümize teklip edýän gaty anyk bolmadyk ugurlarynyň esasynda olaryň häsiýetlerini kabul etmeli däldiris. Her bir çaga özbaşdakdyr, psihologlaryň teklip edýän ol ugurlaryna bolsa, diňe çagalarymyzyň haşsyýetleriniň esasy taraplaryny bilmeklik üçin ýüz tutmalydyrys. 4. Çagalaryň ösüşleriniň çaltlygy dürli-dürli bolýandygyny ýadyňyzda saklaň. Çagalaryň ynamda berkemekleri we olaryň ösmekligi olary öwretmekligiň usulyny we bir basgançakdan beýleki basgançaga geçmekligi kesgitlemelidir. Her bir çaga üçin Hudaý Öz ýanyndaky we Özüniň Patyşalygyndaky özleriniň aýratyn we ýeke-täk orny eýelemekligi öňünden belländir. Biziň çagalarymyzy terbiýeläp, olary öwretmegimiziň esasy roly bu orny tapmaklyga olara kömek etmegimizde jemlenendir. Kitabyň üçünji bölüminde biz size çagalara dileg etmegi öwretmekligiň basgançaklary hakynda gürrüň bereris we çagaňyzy bir basgançakdan beýleki basgançaga geçirmeklige kömek edip bilýän maslahatlary bereris. Ýöne bir basgançakdan beýlekä geçmeklige ösmekligiň tizliginiň ýolbaşçylyk etmegine ýol berip bilýän däldiris. Maksady goýmaklyk Öwretmeklik we terbiýelemeklik ýagdaýy maksada eýe bolmalydyr. Bu maksat şol bir wagtyň özünde çekilen zähmetiň sylagy hem bolup durýandyr. Eger biziň çagalarymyz fortepiano çalmaklyk sapagyny alýan bolsalar, onda beýle sapaklaryň ýa-da öwretmekligiň maksady anykdyr — fortepiano çalmagy öwrenmeklik. Çagalary saza öwrenmeklige berip we olara sapaklaryň maksagy hakynda aýtmazlyk samsyklykdyr. Çagalaryňyz hiç haçan hem fortepianoda oýnalyşyny eşitmediler we onuň näme üçin bardygyny hem bilmeýärler diýip göz öňüne getiriň. Ine-de, olary bu guralyň başynda oturyp, ellerini kesgitli ýagdaýda tutup, ony çalyp başlamaga mejbur edýärler. Bu ýagdaý tä çagalaryň fortepianonyň saz guralydygyny bilenlerine çenli, tä ony nädip täsin ýagdaýda çalyp bolýandygyny eşidenlerine çenli, sapaklarynyň we ýumuşlarynyň maksadynyň bolsa hut şeýle täsin ýagdaýda çalmaga öwrenmeklikdigine düşünenlerine çenli, gaty manysyz ýagdaý bolýandyr. Hut şeýlelikde, biz dilegiň maksadynyň (we peýdasynyň) nämedigine we bu sapaklardyr ýumuşlar arkaly nämä ýetmek isleýändigimize olaryň düşünmeklerine mümkinçilik bermelidiris. Aslynda bolsa bu dileg sapaklarydyr ýumuşlarynyň maksady — ýetişen dileg durmuşyna ýetmeklikdir. Biz dilegiň maksadynyň nämedigine olaryň düşünmeklerine mümkinçilik bermelidiris. Pesah baýramçylygyndan öň agşamlyk nahary döwründäki dileginde Isa biziň durmuşymyzyň ahyrky maksadyny kesgitledi we şol bir wagtyň özünde oňa ýetmeklik bilen özümiziň nähili artykmaçlyklara eýe bolýandygymyzy görkezdi: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Dilegiň esasy maksadynyň we çagalarymyzyň durmuşlarynyň iň beýik maksadynyň özleriniň Göklerdäki Atalary bilen ýakyn gatnaşyklary gurnamakdygy aýdyňdyr. Dileg — bu kän artykmaçlyklary berýän bu gatnaşyklary gurmaga kömek edip bilýän gürrüňdeşligiň serişdesidir. Biziň öwretmeklik usullarymyz we şahsy göreldämiz Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklaryň nämedigini we olaryň nähili artykmaçlyklary berýändigini görmeklige çagalara kömek etmelidir. Bu haýsy maksat bilen olara dileg etmekligi öwredýändigimizi bilmeklige çagalarymyza rugsat berer. Haçanda olar oňa düşünip, onuň bilen gyzyklananlarynda, ynamda ösmeklik dilegiň gazananlarynyň tebigy düzümi bolýandyr. Çagalarymyzyň Hudaý bilen öz gatnaşyklaryny berkitmeklerine nädip olary gyzyklandyryp bolýandygyna syn edeliň. 1. Iň oňat Dost Hudaýyň özleriniň iň oňat Dostunyň bolmak isleýändigine çagalarymyzyň düşünmeklerine nämäniň kömek edýändiginden başlalyň. Biziň çagalarymyz dost edinmekligi isleýärler we Hudaý olar üçin iň oňat Dost bolmagy isleýär. Bu maksady şeýle düşündirip bolýandyr: «Hudaý sizi güýçli söýýär. Ol siziň bilen aýratyn, beýleki çagalar bilen gatnaşyklaryňyzdan tapawutly bolan gatnaşyga eýe bolmak isleýär. Berk dostlulyk ýuwaş-ýuwaşdan, gün-günden gurulýandyr. Hudaý siziň Öz ýanyna her gün gelmegiňizi we Özüni has-da oňat tanamaga kömek etmegini dilemegiňizi isleýändir. Eger-de muny edýän bolsak, onda bizde Onuň bilen wagt geçirmeklige bolan güýçli isleg döreýändir. Dileg biziň iň söýgüli işlerimiziň biri bolup galýandyr. Hudaýa ähli zat hakynda gürrüň bermek isleýändigimiz üçin dilege wagt bagyş edýändiris. Hudaý bilen näçe kän wagt geçirdigimizçe, Ol bize şonça-da ýakyn bolýandyr, şonuň üçin hem dileg hakykatda bolmalysy ýaly— biziň iň oňat Dostumyz we Atamyz bilen duşuşyk bolýandyr. Çagalara şeýle suraty göz öňüne getirmeklik bilen, biz dilegiň hiç kimiň eşitmeýän monology däldigi hakynda düşünje berýändiris. Bu iki taraplaryň hem gatnaşýan söhbetdeşlikdir. Haçanda çagalar: «Näme üçin biz Hudaýy görmeýäris?» diýip soranlarynda, Hudaýyň bizden gizlenmeýändigi, eger-de hatda Ony gözlerimiz bilen görmeýän hem bolsak, dileg edenimizde Ony ýüregimiz bilen görüp bilýändigimiz hakynda gürrüň beriň. 2. Özüňiň bolup bilşiň ýaly bolmaklyk ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň şygary ýaly, «özümiziň bolup bilşimiz ýaly bolmagymyzy» Hudaý isleýändir. Haçanda siz öz çagalaryňyza dilegiň maksady hakynda gürrüň bereniňizde, olary bir-birlerinden tapawutlandyrýan ukyplary hakynda ýatlaň. Siz: «Ähli adamlary Hudaý dürli edip ýaratdy we seni hem Ol nähilidir bir aýratyn ukyplar we başarjaňlyklar bilen ýaratdy. Hudaýyň niýeti bardyr we Onuň bu niýeti boýunça sen özüňi ulanyp bilersiň. Eger-de biz Hudaýdan Onuň akyldarlyk bermegini, ýaşamaklygy öwretmegini, ruhy taýdan ösmegimize kömek etmegini soraýan bolsak, onda biz Onuň Mukaddes Ruhundan dolýandyrys we Onuň ýolbaşçylygy astynda ýaşap başlaýandyrys. Haçanda biz Hudaýyň özümize ýolbaşçylyk edip, Onuň parzlaryna eýermäge synanyşanymyzda, bagta eýe bolýandyrys» diyip bilersiňiz. 3. Bagtly durmuş Her bir adamyň ýetmek isleýän iň esasy makdady (munuň bilen islendik çaga hem ylalaşýandyr) — bu bagtly durmuşdyr. Hut şeýle maksat Hudaýda hem bardyr: esasy Özi bilen gönüden-göni gürrüňdeşlik bolan bagty bize bermeklik. Bu maksat hakynda siz ýetginjekleriň söýgüli sözleri bolan «super» ýalylary ulanyp, olara gürrüň berip belersiňiz. Şeýle başlaň: «Hudaý — super. Ol ähli zady bilýändir, Ol şol bir wagtyň özünde hemmeleri we hemme zady görýändir. Ol geljegi-de bilýändir we Onuň başarmajak zady ýokdur. Ol ähli zatda saňa kömek etmek isleýär. Ol seniň uzak we bagtly ýaşamagyňy isleýär, Ol saňa akyldarlyk bermek isleýär, saňa ýolbaşçylyk edip, kömek etmek isleýär we islendik ýagdaýlarda seniň dogry hereket edip bilmegiňe öwretmek isleýär. Adamyň Hudaýdan kömek alyp, bagtly bolup bilmekligi üçin Ol onuň Özüne dileg etmegine, ýagny her gün Özi bilen gürrüňdeş bolmagyna, Ondan ähli barada soramaga we Özüne bil baglamaga rugsat berýändir. Näme bolsa-da, biz näme duýýan hem bolsak, näme hakda oýlanýan bolsagam, ähli zat hakynda Özüne gürrüň bermegimizi Hudaý isleýändir, çünki Ol bize kömek edip, Öz söýgüsini aýan etmek isleýändir. Özümiziň näçe kän dileg etdigimizçe, şonça-da Hudaý bize kömek eder». Bu dünýäde hiç bir kämil zadyň ýoklugy hakynda çagaňyza ýatladyň. Bizde hem kynçylyklaryň, hem-de betbagtçylyklaryň boljakdygy hakynda Hudaý aýdypdy. Emma eger biz dileg edip bilýän bolsak, onda ähli kynçylyklary ýeňip geçmegimize Hudaý kömek eder we bar zady biziň ýagşylygymyza öwrer. 4. Adamlar bilen oňat gatnaşyklar Durmuşda iň esasy zadyň Hudaýy we öz ýakynlaryňy söýmeklikdigini Isa aýdypdy. Haçanda biz Hudaýyň özümize dostlarymyzy we garyndaşlarymy söýmeklige kömek etmegi hakynda haýyş edip, başgalar hakynda dileg edip başlanymyzda, ýagny birinji orna öz mätäçliklerimizi däl-de, başgalaryň mätäçliklerini goýanymyzda, özümizi egoizmden Onuň halas etmegini soranymyzda, täsin zatlar bolup geçýändir: adamlar bizi söýüp, bize düşünip başlaýandyrlar, durmuşymyz bolsa oňatlaşýandyr. Haçanda Hudaýy tanap, Onuň özümize öwredip, bizi özgermegine rugsat berenimizde, diňe şonda biziň özümiz we çagalarymyz adamlary çyndan söýmeklige öwrenip bilýändiris. Siz muny çagalaryňyza şeýle düşündirip bilýänsiňiz: «Beýleki çagalaryň özüňize oňat gatnaşyk edip, size düşünmeklerini isleýärsiňizmi? Haçanda Hudaýy oňat tanap, Onuň söýgüsini duýanyňyzda, siz söýmeklige öwrenersiňiz we bu size öz boýdaşlaryňyz bilen oňat gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edýändir. Netijede sizde täze dostlar peýda bolarlar. Soňrak bolsa haçanda siz nika hakynda oýlanyp başlanyňyzda, siz adamy nämäniň oňat är ýa-da aýal edýändigi hakynda bilip bilersiňiz. Biziň dileglerimiziň maksatlary bize Hudaý bilen gürrüňdeşligiň berýän ýagşylyklaryna meňzeýändir. Bu hut şeýle hem bolýandyr! Siz adamlar bilen oňat ýaşap başlarsyňyz, işdeşleriňiziň hemmesini söýüp başlarsyňyz; ýakynyňyzda ýaşaýanlar bilen ýygnaga gatnap başlarsyňyz we ahyrynda hormatly adam bolarsyňyz, sizi söýerler we eý görerler, düşünmeklige we goldawa eýe bolarsyňyz. Diňe Hudaýy oňat tananymyzda, adamlary söýüp bilmegimize kömek etmegini, olar bilen oňat gatnaşyk etmeklige, beýlekilere kömek etmegini dilänimizde, bularyň bary biziň üçin mümkin bolýandyr». Biziň dileglerimiziň maksatlary bize Hudaý bilen gürrüňdeşligiň berýän ýagşylyklaryna meňzeýändir. Bu hut şeýle hem bolýandyr! Dilegiň maksatlary — biziň ýagşylygymyzdyr. Bu maksatlara we ýagşylyklara düşünmeklik dilegiň nämä eltýändigine çagalarymyzyň düşünip bilmeklerine kömek edýändir. Olar muňa ýetmeklik islegi bilen dolarlar. Soraglar we ýumuşlar 1. Çagalaryňyzyň ruhy taýdan ösmekleriniň dört ugruny ýadyňyza salyň (olar hakynda şu babyň başynda gürrüň edipdik). Siziň çagalaryňyz bu ugurlarda nähili ösýärler? Haýsy ugurlar aýratyn ünsi talap edýärler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Ähli çagalaryňyzyň atlaryny ýazyň. Her bir adyň aşagynda ony beýleki çagalardan tapawutlandyrýan bäş aýratynlygy ýazyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Çagaňyzyň bu aýratynlyklaryny bilmegiňiz nädip onuň dilege bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga size kömek edýär? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Öz sözleriňiz bilen dilegiň maksadyny aýdyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Olary şu bapda getirilen maksatlar bilen deňeşdiriň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dilegiň maksatlary hakynda çagalaryňyzyň näme pikir edýändikleri hakynda soraň. Dilegiň maksatlary hakyndaky olaryň düşünjeleri şu kitabyň ýazarynyň ýa-da siziň özüňiziň düşünjeleriňiz bilen nähili meňzeşligi bar? Nähili tapawutlary bar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Her bir çagaňyzyň aýratyndygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Size öz çagalaryňyzyň wepaly mugallymlary bolup bilmegiňize kömek etmegi hakynda Hudaýdan soraň. • Çagalaryňyzy Hudaýa getirip bilmegiňiz üçin wajyp bolan akyldarlygy, sabyrlylygy, bilimi we kömegi Ondan diläň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, özümi edil beýleki çagalara meňzeş etmän ýaradanyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Çynlakaý, bütin ýüregim bilen Saňa dileg edip bilmegime kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 7-nji bap. Ene we ata — görelde almaklyk üçin nusga Diňe golf oýnalýan meýdançada men öz dileglerime jogap almadym. Billi Grem Bir gezek daňdan meniň uly gyzym (şonda ol entek ýedi ýaşyndady) adatdakysyndan ir turup, meniň dileg edişimi gördi. Ol dyzyna çöküp, kellesini meniň kükregime berdi. Men şatlyk bilen ony garşyladym we berk gujakladym, onsoň onuň öz ýanymda galyp biljekdigini, özümiň bolsa dilegimi gutarmalydygymy aýtdym. Men ses bilen dileg etdim, ol bolsa ýuwaşja oturyp, maňa gulak asýardy. Bir hepdäniň içinde diýen ýaly her gün daňdan şeýle boldy. Neneň täsin üýtgeşikler onuň durmuşynda bolup geçdi! Ol has hyjuw bilen dileg etmeklige öwrenmäge başlady. Çagalar bize syn edýärler. Biziň sözlerimizden we ahlak maslahatlymyzdan edýän hereketlerimiz olara uly täsir edýändir. «Seniň hereketleriň sözleriňden-de gaty gürleýärler» diýlen nakyl çagalary terbiýelemekde gaty ýerliklidir. Käbir nazarýet maglumatlaryndan, mysal üçin, «näme etmelidiginden», «muny nädip etmelidiginden», «haçan, nirede we näme üçin etmelidiginiden» başga-da, çagalara bu bilimleri iş ýüzünde nädip etmelidiklerini özümiziň görkezmegimiz we olaryň hem nädip etmelidiklerine kömek etmegimiz gaty wajypdyr. «Durmuşy hereketde» görüp, çagalar özlerine öwredilenleri nädip ulanmalydygyna düşünýändirler. Çagany terbilemekde özüňi mysal hökmünde ulanmaklyk çaganyň tejribe alyp, onuň dileg durmuşynyň has baý bolmalygy üçin aýratynam wajypdyr: eger biz bir zadyň onuň durmuşynda iň wajyp zat bolmalydygyny aýtsak, onda ol zat biziň öz durmuşymyzyň hem wajyp zady bolmalydyr. Biz, ata-eneler, özlerimizi mysal hökmünde getirip, çagalarymyza öwüt-nesihat berýändiris we olara Hudaýyň keşbini aýan edýändiris. Gorkmaň. Ýokary ahlakly çagalary terbiýelemeklik üçin biz kämil adamlar bolmaly däldiris. Hakykatda has peýdaly mugallymlyk Hudaýy we öz üstümizden Onuň ygtyýarlygyny boýun almaklygy talap edýändir. Özüňi kämil edip görkezmeklik synanyşyklary ters netijelere getirýändir, çünki biziň beýle däldigimizi çagalarymyz gaty oňat bilýändirler. (Bu sorag hakynda biz dokuzynjy bapda giňişleýin gürrüň ederis). Öz çagalarymyza öwüt-ündew berip, biz üç ýagdaýda ünsümizi jemlemelidiris: birinjiden, biz olara dileg durmuşynyň nusgasyny görkezmelidiris; ikinjiden, dilege nädip dogry gatnaşyk etmelidigini olara görkezmelidiris; üçünjiden, näme üçin dilege bil baglamalydygyny görkezmelidiris. Bularyň her birine seredip geçeliň. Dileg durmuşynyň nusgasyny görkezmeklik Biz özümiziň nähili dileg edýändigimize çagalarymyzyň syn etmeklerine rugsat bermelidiris. Eger-de kän dileg edýän bolsak, emma muny diňe ýanymyzda hiç kimiň bolmanynda ýa-da näme hakda dileg edýändigimizi olaryň bilmezleri ýaly ýuwaş ses bilen dileg edýän bolsak, onda bu siziň özüňiz üçin peýdalydyr, emma çagalaryňyzyň tä dileg etmeklige öwrenenlerine çenli bu olara hiç hili peýda getirmez. Çagalaryňyz üçin siz «öz hiniňizden çykmalysyňyz» ýa-da hiç bolmanda näme bilen meşgullanýandygyňyz hakynda gürrüň bermelisiňiz. Açyk boluň Özüňiziň dileg durmuşyňyzy çagalaryňyzdan gizlemäň. Öz wagtyňyzy şeýle meýilleşdiriň welin, çagalaryňyz hiç bolmanda siziň dilegleriňiziň käbirlerini eşidip bilsinler. Eger-de siz muny edip bilmeýän bolsaňyz, onda çagalaryňyz bilen dileg hakynda gürrüň edip, özüňiziň nähili dileg edýändigiňiz hakynda gürrüň beriň. Her bir çagaňyza şu gün onuň üçin dileg edendigiňiz hakynda aýdyň. Ol özüni söýülýän we gerekli duýar, siz bolsa şeýlelikde öz dileg durmuşyňyz hakynda olara gürrüň berersiňiz. Çagalar siziň Hudaý bilen gürleşýändigiňizi bilmelidirler. Eger siziň çagalaryňyz bireýýäm uly bolsalar, onda dileg wagtynda sizi alada goýmaklygyň gereginiň ýokdugyna düşünerler. Haçanda siz öz otagyňyza gideniňizde bolsa, şu wagt olaryň öz kakalarynyň durmuşynda iň wajyp hasaplaýan wagtynyň bolup geçýändigine düşünerler. Ýöne çagalaryňyzyň içleriniň gysyp, siziň ýoklugyňyzy duýup başlamazlary ýaly, olary uzak wagtlap taşlamaň. Adatça olar bilen geçirýän wagtlaryňyzda dileg etmäň. Bu ters netijelere getirip bilýändir, çagalar dilege bolan ýigrenç duýup başlarlar, çünki hut şu dileg üçin siz olary taşlap gidýänsiňiz. Iň oňady dilegiň ýa-da çagalar bilen bolýan wagtyňyzyň öňünden, ýa-da şondan soň bolmagydyr. Şonda çagalar özlerini taşlanan ýaly duýmazlar. Olar size dileg etmäge päsgel bermezler, çünki siziň öz ýanlaryna geljekdigiňizi bilýändirler. Şu gün durmuşyň gaty çalt geçýän ýagdaýlarynda çagalar bilen dileg üçin wagtyň galary ýaly edip öz günüňi meýilleşdirmeklik gaty kyndyr. Ata-eneleriň her birleri üçin ýekelikde dileg etmeklige wagt gerekdir we her bir ata-ene şu meselede öz çagalary üçin mugallym bolup bilýändir. Bu soragy çözmeklik üçin ata-eneler gündelik düzmelidirler. Bizi öý işleri we çagalar bilen meşgullanýandyr, şol wagt bolsa beýlekisi dileg üçin ýekelenýändir we tersine. Siziň hiç biriňiz hem ýanýoldaşyňyzyň wagt tapyp, iş gününiň dowamynda dileg edip biler ýa-da eger ol çagalar bilen öýde galsa, onda dileg üçin azajyk wagt tapyp biler diýip hasaplamaly dälsiňiz. Eger-de siz ýanýoldaşsyz ýeke ýaşaýan bolsaňyz, onda dilegleriňizi kesmekligi gadagan edýän berk düzgünleri goýmalysyňyz. Çagalar siziň Hudaý bilen gürleşýändigiňizi bilmelidirler we eger-de käbir gaty howply waka bolaýmasa, onda olar siziň dileg etmegiňize päsgel bermeli däldirler. Sabyrly, ýöne berk boluň. Eger-de çagalar ahyrsoňy siziň dilegiňizi bölseler, olary sabyrlylyk bilen diňläň. Onsoň olara düzgün hakynda ýatladyp, otagdan çykmaklaryny buýruň we eger kynçylyklary gaty ýiti bolmasa, olary çözmäge howlukmaň. Şeýle ýagdaýlarda sabyrlylygy saklap, sögünmeklikden saklanyň. Bu gaýgyly netijelere getirip bilýändir. Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň: dynç güni ýygnaga maşynda ýola düşüp, howlukman barýan maşyny ýetýärsiňiz. Onsoň siz ondan öňe geçip, maşynyňyzyň aýnasyndan kelläňizi çykaryp: «Sen näme? Meniň ýygnaga howlugýandygymy görmeýäňmi näme?» diýip gygyrýarsyňyz. Gaty gülkünç eşidilýär, ýöne çagalaryňyzyň özüňize dileg etmäge päsgel berýändikleri sebäpli dörän ýigrenç hut şunuň ýaly erbet netije berýändir. Şeýle-de, eger entek siz dileg edýärkäňiz, çagaňyz ýuwaşja siziň eliňizde oturmak isleýän bolsa, onda bu oňa nädip dileg etmelidigini görkezmeklik üçin gaty oňat mümkinçilik bolup bilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Çaganyň ýuwaş oturmalydygyny, ýöne gidesi gelse, onda islän wagty ýuwaşja ýanyňyzdan aýrylyp biljekdigini oňa aýdyň. Eger-de çagalaryňyzyň birnäçesi birden siziň eliňizde oturmak isleseler, onda nobata garaşmaklaryny soraň. (Ýanynda beýleki çagalaryň bar bolanynda, çaga ünsüni jemlemeklik gaty kyn düşýändir.) Uly çagalar siziň bilen bile dileg etmek islärler. Şeýle ýagdaýda bilelikdäki dilegi gurnamaklygyň geregi ýokdur, çünki siz Hudaý bilen bilelikde ýeke bolmaklyk mümkinçiliginden mahrum bolýansyňyz. Iň oňady çagalaryň öz otagyňyzda galyp, olaryň öz dileglerini ýuwaşja aýtmaklaryna rugsat bermeklikdir. Yzygiderli boluň Näme edýändigiňize seretmezden, siz terbiýeçi bolmaklygyňyza galmalysyňyz. Eger siziň üçin yzygiderli bolmaklyk kyn bolsa, onda bu maslahatlar wagtly-wagtynda dileg etmeklik gylynyny döretmäge size kömek eder. Galyberse-de, eger çagalar siziň dileg durmuşyňyz bilen gyzyklanýan bolsalar, onda bu siziň wagtly-wagtynda dileg etmegiňize goldaw berer. «Näme üçin sen dileg etmediň?» diýen çaga soragyndan başga hiç zat hem sizi yzygiderli bolmaklyga mejbur edip bilýän däldir. Bu gaty ajaýyp. Ruhy ösüş soragynda siz çagalaryňyz bilen bir-birleriňizi goldamalysyňyz. Wagtal-wagtal hemmeler bilen hem bolşy ýaly, eger size wagtynda dileg etmeklik başartmaýan bolsa, onda Hudaýdan kömek diläp, Onuň özüňize ýolbaşçylyk etmegine rugsat bermegiňiz gerekdir. Şeýle ýagdaýda biz çagalara (elbetde, olaryň özleri bu hakda bilýändirler) özümiziň ýoldan çykandygymyz hakynda aýdyp bilýändiris, emma şonda-da dileg edip, dileg wagtyny sypdyrmazlyk üçin Hudaýyň kömek etjekdigine bil baglaýandygymyzy aýtmalydyrys. (Bize gün tertibine täzeden seretmeklik gerek däldir. Wagtly-wagtynda dileg etmegimizi bes etdirenligimiziň sebäbi, belki-de, diňe onuň üçin wagty nädogry saýlandygymyzda gizlenip bilýändir). «Näme üçin sen dileg etmediň?» diýen çaga soragyndan başga hiç zat hem sizi yzygiderli bolmaklyga mejbur edip bilýän däldir. Nähili bolsa-da, biz özümizi aklamaly däldiris! Haçanda biz çagalarymyza: «Dileg eder ýaly men gaty işlidirin» ýa-da «Hemmeler meniň ony ýa-da muny etmegime garaşýarlar», ýa-da «Men ýygnaga we adamlara kömek etdim», ýa-da şuňa meňzeşleri diýenimizde, dilegden başga-da has wajyp işleriň bardygy hakynda düşünje berýändiris we şonuň üçin hem dilegi yza galdyryp bolýandyr. Eger biz çagalarymyzy şunuň ýaly öwredýän bolsak, onda olar dileg etmezlik üçin elmydam bahana taparlar. Dileg günortanlyk naharyndan, ukydan we geýinmeklikden-de has wajyp iş bolmalydyr. Bu üç zada ünsümizi çekmän hem bilýändiris, çünki bize iýmekligiň, uklamaklygyň we geýinmekligiň näme üçin gerekdigine hemmeler hem düşünýändirler. Eger-de biz wagtly-wagtynda dileg edýän bolsak, onda nähili artykmaçlyklary alýandygymyzy anyklamalydyrys we eger dileg durmuşyny alyp barmasalar, onda nämäni ýitirip bilýändiklerine çagalarymyzyň düşünip bilmeklerine kömek etmelidiris. Meýilleşdirilmedik ýagdaýda hereket ediň Çagalarymyza dileg durmuşynyň nusgasyny görkezmeklik bilen, olara diňe bir gündelik ertirki we agşamky dileglere däl-de, eýsem bütin günüň dowamynda edilýän dileglere hem öwretmeklik gaty wajypdyr. Bir gezek men çagalarym bilen maşynda barýarkam, bir waka bolup geçdi we men ol hakda dileg etmek isledim. Men öz içimden dileg edip başladym. Dessine ilkinji gezek meniň kelläme şeýle pikir geldi: «Eger-de olar ata-eneleriniň nädip dileg edýändiklerini hiç haçan görüp, eşitmeseler, onda nädip olar öz mätäçlikleri we kynçylyklary hakynda bütin günüň dowamynda dileg edip, Hudaý bilen gepleşmeklige öwrenerler?» Öz içimden dileg etmekligiň deregine, men çagalaryma özümiň başdan geçirýänlerim hakynda gürrüň berdim we özüm bilen dileg etmeklerini teklip etdim. Şondan soň men gysgaça dileg etdim we öňki gürrüňe dolandym. Çagalar kakalarynyň özlerine ýüzlenip, özüniň gaty wajyp hasaplaýan zadynda kömek etmeklerini haýyş edendigi üçin gaty hoşal bolupdylar. Şonda soň biz dilegiň meýilnama boýunça bolman, hiç kim tarapyndan zorluk bilen etdirilýän bolmaly däldigi hakynda çagalarymyza öwredip başladyk. Ilki bilen bu kyn bolup görnüp biler, ýöne şeýle sapaklar çagalarymyzyň şeýle sapaga düşünmegine kömek ederler: dileg — bu olaryň durmuşlarynyň esasydyr we ol olara islendik ýagdaýda kömek edip bilýändir. Eger-de biz diňe kesgitli wagt dileg edýän bolsak, onda şeýle düşünje döremegi mümkindir, ýagny dileg — bu özümiziň bireýýäm eden işimize Hudaýyň pata bermekligi üçin gijigip edilýän käbir hereketdir. Bütin günüň dowamynda dileg etmeklik mätäçligini duýmaklyk çagalarymyza dilegiň hakykatda nämedigine çagalarymyzyň düşünmeklerine kömek eder. Bu gaty wajypdyr, çünki çagalary diňe häzirki bolup geçýän zatlar gyzyklandyrýandyr. Günüň ahyrynda başgalaryň mätäçliklerini we günüň dowamynda özleri bilen bolup geçen hususy kynçylyklaryny olara ýatlatmak kyn bolýandyr. Haçanda dileg etmeklige mätäçdiklerini duýanlarynda, dileg etmeklige çagalarymyz öwrenmelidirler. Dilege nädip dogry gatnaşyk etmelidigini görkezmeklik Eger biz hemişe güýjümizi aýaman synanyşýan bolsak, onda çagalarymyzy isleýän zadymyza öwretmek kyn bolmaz. Ýöne öwüt-ündew diňe maslahat bermeklik bilen çäklenýän däldir. Ol biziň öz çagalarymyzy bir zada anyk öwredip, olara öwredýän zadymyzy özümiziň hem ýerine ýetirmegimizi göz öňünde tutýandyr. Ýogsa-da, bu işi biz bütin günüň dowamynda dyngysyz edýändiris. Öz çagalarymyzy bir zada bilkastlaýyn öwredenimizde, oňa gözegçilik etmek gaty kyn bolýandyr, ýöne bu gaty wajypdyr. Biziň özümizi alyp barşymyz ýa-da käbir zatlara bolan duýdansyz jogabymyz biziň iş ýüzünde ynanýanymyzyň anyk kesgitleýjisi bolup hyzmat edýändir. Eger dileg etmeklik biziň üçin şatlyk däl-de, uly zähmet we güýçli basyş bolýan bolsa, onda biz Hudaýyň özümize dileg etmekligi söýüp, ondan keýplenip bilmegimize kömek etmegini soramalydyrys. Dileg — bu biziň azatlygymyzyň çäklendirilmesi däl-de, durmuşymyzdaky tertibi saklamaklygyň wajyp bolan serişdesidir. Dileg — bu biziň durmuşymyzdaky şatlyk we patadyr. Eger dilege bolan biziň gatnaşygymyz üýtgese we biz ony güýçli söýüp başlasak, onda bu söýgini biz öz çagalarymyza geçirmelidiris. Bu soragda size kömek edip biljek birnäçe maslahatlar aşakda getirilendir. 1. Hudaý bilen gürrüňdeşlikde wagt geçiriň. Eger biz wagtly-wagtynda Hudaý bilen gürrüňdeşlikde wagtymyzy geçirýän bolsak, onda biziň özümizde, duýgularymyzda we özümizi alyp barşymyzda hökman üýtgeşikler bolup geçer. Mezmurçy şeýle diýýär, ýagny biz Hudaýyň barlygynyň şatlygyndan dolarys (Mezmur 16:11; 21:7 seret). Haçanda biz öz dileglerimiz bilen Hudaýa ýüzlenenimizde, «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Filipililer 4:6-7 seret). Siz öz durmuşyňyzdaky üýtgeşiklere üns berersiňiz, siziň çagalaryňyz hem olara üns bererler. Siz çagalaryňyzy dileg etmeklige ruhlandyrmaklyk üçi muny ulanyp bilersiňiz. 2. Özüňiziň başdan geçirmeleriňiz bilen paýlaşyň. Dilegden soň, özüňiziň Hudaý bilen gürrüňdeşlik wagtynda bilen ýa-da başdan geçiren zatlaryňyz hakynda çagalaryňyza gürrüň beriň. Siz olara haýsy kynçylyklar hakynda Hudaýa aýdyp, Oňa nämäni ynanandygyňyz hakynda, ýüregiňizi nähili şatlygyň dolduranlygy hakynda gürrüň berip bilersiňiz, çünki siz bilýärsiňiz: Hudaý siz barada alada edýändir. Dileg wagtynda özüňiziň kabul eden parahatlygyňyz hakynda çagalaryňyza gürrüň berip bilersiňiz. 3. Çagalaryňyza dileg etmeklik üçin oňaýly wagty saýlaň. Şeýle gürrüň üçin oňaýly wagty saýlamaklyk gaty wajypdyr. Eger-de siz şu gün Hudaý bilen şeýle bir täsin wagty geçirendigiňiz üçin meýilleşdirilen günortanlyk naharynyň üýtgediljekdigi hakynda aýtsaňyz, onda siz garaşylýan jogaby alyp bilmersiňiz. Munuň hemmelere aýandygy görnüp duran hem bolsa, käwagtlar biz öz çagalarymyz üçin dogrudanam nämäniň gerekdigine düşünmän, bu düzgüni bozmaklyga ukyplydyrys. Eger siz bu düzgüni ýatda saklaýan bolsaňyz, onda çagalaryňyzyň ýüzlerine seredip, şeýle gürrüň üçin wagtyň oňaýlymy ýa-da däldigi hakynda bilip bilersiňiz. Eger oňaýly wagt bolmasa, onda ony oňaýly wagta çenli süýşürmeklik oňat bolar. Özüňize yly täsir eden dileg hakynda gürrüň etmeklik üçin oňaýly wagt — bu agşamky dilegiň alnyndaky wagtdyr, çünki şol wagt şeýle mowzukly gürrüňlere has taýyn bolýandyrlar. Bireýýäm agşamky dileg hakynda gürrüňe başlan bolsak, onda halys ýadap, ýüzüňizdäki çaltrak dileg edip dynmaklyk islegiňiz bilen çagalaryň ýatýan otagyna girmegiňiziň gerek däldigi hakynda ýatlatmak ýerliklidir. Eger-de siz hut şeýle boljakdygyny duýýan bolsaňyz, onda aýalyňyzdan (ýa-da äriňizden) haýyş ediň we ol sizi çalyşsyn. (Ýöne kimiň şu gün dileg etmelidigi hakyndaky jedelleriňizi çagalara eşitdirmäň. Olar size nädogry düşünerler). Ýa-da geljekki işiň wajyplygy hakynda özüňize ýatladyp, Hudaýdan kömek diläň we çagalaryňyz bilen dileg gürrüňdeşliginden keýplenip bilmegiňiz üçin güýjüňiziň galanyny ýygnaň. 4. Pursatdan peýdalanyň. Haçanda çaga özi bilen onuň nähilidir bir kynçylyklary hakynda dileg etmekligi sizden soranynda, ony magtaň we haýyşyna şatlyk bilen jogap beriň. Siz işli bolup ýa-da ýadawlygy duýup bilersiňiz, emma çaganyň özüniň dileg etmek islän bu wagty — dileg we öwretmeklik üçin iň oňat wagtdyr. Şeýle pursatlarda çaga öwrenmeklige has-da taýyndyr! 5. Baýramçylyklary gurnaň. Haçanda siz maşgalaňyzyň agzalarynyň biriniň dilegine ýa-da bilelikdäki maşgala dilegiňize Hudaýdan jogap alanyňyzda, meýilleşdirilmedik kiçijik baýramçylyk gurnaň. Hudaýa minnetdarlyk bildiriň, onsoň bu wakany baýramçylyk edip belläň: söýgüli tagamlardan nahar bişiriň, syýahaty meýilleşdiriň ýa-da çagalaryňyzyň öz dostlary bilen ýygnanyşyp, şatlanyp bilmeklerine mümkinçilik beriň. Özüňiziň başaryp bilen her bir ýumşuňyz sylaglandyrylmalydyr. Dilege alnan jogap — bu dileg üçin sylagdyr we eger siz munuň üçin baýramçylyk gurnaýan bolsaňyz, onda bu wakany çagalar ýeňillik bilen ýatlarynda saklarlar. Sylag ýumşuň ýerine ýetirilmegi bilen bagly bolan kynçylyklardan artyk bolmalydyr. Oýlanyň 1. Özüňiziň hususy mysalyňyzda çagalary nädip dileg etmeklige öwredýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Eger-de siz dogrudanam edermen adam bolsaňyz, onda bu hakda çagalaryňyzdan soraň. Olar näme jogap berdiler? Olardan şeýle jogaplara garaşypmydyňyz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Olara dogrudanam oňat mysal bermeklik üçin siz näme edip bilersiňiz? Özüňiziň dileg edýändigiňizi çagalaryňyz haçan hem bolsa bir wagt gördülermi ýa-da siz gapyny ýapyp dileg edýärsiňizmi? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Näme üçin dileg etmeýändigiňizi aklamaklyk üçin köplenç nähili bahanalar tapýandygyňyzy çagalaryňyz bilen sanap geçiň. Bu bahanalaryň üstünden gülüň. Onsoň dileg etmekligiň gerekdiginiň on sebäbini sanap geçiň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dilege bil baglamaklygyň wajypdygyny görkezmeklik Biz çagalarymyzy özümiziň dileg durmuşymyza goýbermelidiris! Bu maksada ýetmeklik üçin biz olara eşidilen dilegler hakyndaky taryhlary gürrüň bermelidiris, maşgala dileg ýygnaklaryny gurnamalydyrys, kyn wagtlarda özümizi nädip alyp barýandygymyza syn etmeklerine rugsat bermelidiris. Jogap alnan dilegler hakyndaky taryhlar Ähli çagalar ýaly, meniň çagalarym hem taryh eşitmekligi halaýarlar. Bir gezek men Hudaýdan özümiň ýigrimi dollar sorap, ony täsin ýagdaýda alandygym hakyndaky bolan wakany gürrüň berdim. Bu taryh çagalara gaty ýarady we olar meniň ýene-de şuňa meňzeş taryhy gürrüň bermegimi soradylar. Bularyň bary biziň jogaplary alnan dilegler hakyndaky bolan wakalaryň taryhlaryny ýygnamagymyz bilen gutardy. Bu taryhlar çagalara dileg etmegi öwretmeklik we şol bir wagtyň özünde olara hezillik berýän täsin serişde boldy. Indi biziň maşgalamyzdaky iň söýgüli taryhlar — bu Hudaýyň jogaby alnan dilegler hakyndaky gürrüňlerdir. Çagalar ata-eneleriniň durmuşlarynda Mukaddes Ruhuň nähili hereket edýändigini görmelidirler. Çagalaryňyza öz geçmişiňiz hakynda gürrüň beriň: nähili ýaşandygyňyz, geçmişden nähili sapaklar alandygyňyz hakynda aýdyň, bu öwüt-ündew berijiniň zähmetiniň has wajyp bölegidir. Eşidilen dilegler hakynda taryhlary gürrüň bermeklik — bu öz durmuşyňy mysal getirip, çagalary hakykatyň ýoluna öwretmekligiň täsin usulydyr. Bu size çagalaryňyzyň alnynda öz dileg durmuşyňyzy açmaga we öz tejribäňizden ugur alyp, olary öwretmegiňize kömek edýändir. Durmuşyňyzda ilkinji gezek siz näme hakynda dileg etdiňiz? Siziň dilegiňize bolan ilkinji (we has peýdaly) jogap nähili bolupdy? Nädip siz dileg etmeklige öwrendiňiz? Wagtly-wagtynda dileg etmeklik siziň üçin kyn boldumy? Haçan bolsa-da bir wagt siz Hudaýyň barlygyny duýduňyzmy? Käbir anyk ýagdaýlarda nähili hereket etmegiňizi bileriňiz ýaly, Hudaý siziň dilegleriňize jogap edip, akyldarlyk berdimi? Siz başgalar hakynda dileg edip, ol dilegleriň netijelerini gördüňizmi? Dileg we Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyk — bu durmuşyňyzyň esasy diýen ynama sizi näme alyp geldi? Bu soraglara bolan siziň akýürekli jogaplaryňyz çagalaryňyzyň ata-eneleriniň durmuşlarynda Mukaddes Ruhuň nähili hereket edýändigini görmeklerine kömek eder. Meniň dostum we redaktorym özüniň nädip Hudaýa gelendigi hakynda gürrüň berdi. «Bir gezek entek men gaty ýaşkam, biziň hoş habarçylyk guramamyzyň ýanynda tireara uruş turdy we wagyzçy bolan meniň kakama polisiýa baryp gelmegini haýyş etdiler. Haçanda ol «Folkswagen» maşynynda dar ýol boýunça aşak inýärkä, esgerleriň biri oňa naýza atypdyr. Onuň atan naýzasy maşynyň aýnasy bilen gapysynyň arasynda saklanypdyr. Uruş bolýan ýerden daşlaşanyndan soň, kakam maşynyndan düşüp, naýzany soguryp çykarypdyr. Soňy bilen biz şeýle waka hakynda bildik, ýagny kakam uruş turuzýan tireleriň arasyndan geçip barýarka, meniň Kanadada ýaşaýan babam kakam üçin güýçli dileg etmeklik islegini duýupdyr. Ol dyzyna çöküp, dileg edip başlapdyr. Şeýdip, Hudaý kakamy halas etdi. Elbetde, şondan soň biz Hudaýyň dileglere jogap berýändigine berk ynandyk!» Eşidilen dilegler hakynda taryhlary ýygnamaklyk — gaty oňat pikir. Her bir wakanyň açary pursatlaryny gysgaça ýazyň. Onsoň bu ýazgylary çagalaryňyz bilen söhbetdeşlikde ulanyň. Hudaýyň jogaplary alnan dilegler hakyndaky birnäçe taryhlary gürrüň bereniňizden soň, täsin zatlar bolup geçmegi mümkindir. Siziň çagalaryňyzyň özleri hem şolara meňzeş zatlary başlaryndan geçirip, onsoň olar hakynda gürrüň bermegi islärler! Paýlaşyp biler ýaly zatlary bolanynda, olar gaty şatlanýandyrlar. Entek Hudaýyň jogap bermedik dilegler hakyndaky taryhlar Çagalary öz dileg durmuşyňyz bilen tanyşdyrmaklygyň indiki tapgyrynda Hudaýyň entek jogap bermedik dilegler hakyndaky taryhlary olara gürrüň beriň. Bir gezek gije men özümi gaty ýadaw duýýarkam (ýöne muňa garamazdan, dileg etmeklik üçin men bar güýjümi ýygnadym), gyzlarymyň biri özüne meniň eşidilen dilegler hakynda gürrüň bermegimi sorady. Kän oýlanman, men onuň üçin hiç hili täze taryhyň özümde ýokdygy hakynda aýtdym, çünki hut şol wagt men öz dilegime Hudaýdan jogaba garaşýardym. Bu hakda gyzyma aýdanym dessine, men sorag ýüze çykdy: «Gyzyma hut şu wagt bolup geçýän zatlar hakynda gürrüň bersem bolmazmy? Şeýdip, men özümiň Hudaýa bil baglaýandygym hakynda şaýatlyk ederin». Elbetde, dessine şübheler döredi: «Birden…?» Emma men olary birnäçe: «Bolanynda näme?» bilen özümden kowdum. Hudaý meniň goragyma mätäç däldir. Eger-de men şu wagt Hudaýa bil baglap bilen bolsam, diýmek öz kynçylygym hakynda gyzymyň bilmegine ýol berip bilerin. Hatda eger ahyrynda Hudaýyň hemişe özümiziň isleýşimiz ýaly hereket etmeýändigini aýtmaly bolaýsam-da, men oňa gürrüň bererin. Dogrudanam, entek oýlanyp gutarmankam, gyzym Hudaýyň entek jogap bermedik dilegler hakynda gürrüň bermegimi özümden haýyş etdi. Bu taryh pul meselesi bilen baglydy we ýakyndaky hepdäniň içinde Hudaý meniň kynçylyklarymy çözdi. Ol muny şeýle etdi welin, ähli zatda Onuň eli görünýärdi. Öz kynçylyklarym hakynda bilen gyzym dileglerimiziň jogaplaryna gaty haýran galypdy. Özümiziň näme hakda dileg edýändigimizi çagalarymyz bilmelidirler. Çagalarymyzy öz dileg durmuşymyzyň ähli soraglary bilen tanyşdyryp, olaryň özümiz üçin dileg etmeklerini haýyş etmeklik gaty wajypdyr. Indiki tapgyr — olary bolýan wakalar bilen tanyş edip, dileglerimiziň netijeleri hakynda gürrüň bermelidiris. Oýlanyň Her bir mesihiň durmuşynda Hudaýyň öz dileglerine beren jogabynyň taryhy ýa-da öz durmuşyna Onuň täsin ýagdaýda gatnaşandygy hakyndaky wakalaryň hiç bolmanda biri bardyr. Bu nähili taryh? Stol başynda oturyň, eliňize depder alyň we olar hakda Hudaýyň ýatlatmagyny soraň. Her bir taryhyň açary pursatlaryny ýazyň: Sene: ______________________________ Ýagdaýlar: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Meniň pikirlerim we dileglerim: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Özüme goldaw beren Mukaddes Kitabyň aýatlary: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Hudaýyň jogaby: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Alnan sapaklar: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Özümiň alan tejribämi çagalara dileg etmekligi öwretmeklik ýagdaýynda nädip ulanyp bilerin: __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Eşidilen dilegler hakynda taryhlary ýygnap başlanyňyz dessine, olar barada çagalaryňyza gürrüň bermeklik üçin oňaýly pursat tapyň. Mysal üçin, eger siziň çagalaryňyz bir zat hakda aladalanýan bolsalar, olara özüňiziň hem bir wagt agyr ýagdaýa düşündigiňiz, emma öz umytlaryňyzy Hudaýa baglamaklygy çözendigiňiz hakynda gürrüň beriň. Munuň nädip özüňize kömek edendigi we nädip Hudaýyň Öz wepalylygyny görkezendigi hakynda gürrüň beriň. Maşgala dileg ýygnaklary Maşgala dileg ýygnaklaryny gurnamaklyk — bu çagalaryňyzy özüňiziň dileg durmuşyňyz bilen tanyşdyrmaklygyň we şeýdip olara dileg etmegi öwretmekligiň ýene bir usuly. Haçanda bütin maşgala degişli bolan waka bolup geçeninde — mysal üçin, başga ýere göçmeklik, täze maşyn satyn almaklyk ýa-da ýygnak saýlamaklyk — biziň hemmämiz bile ýygnanyp, ýagdaýy maslahatlaşyp, ähli mätäçliklerimizi ýazyp bilýändiris. Onsoň bilelikde dileg edip, Hudaýyň ýolbaşçylygyny we kömegini diläp bilýändiris. Bütin maşgalamyz bilen Hudaýyň alnynda durup, Onuň öz dileglerimizi eşidip, bize jogap berýändigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirip bileris. Dilegleriňizde sada we gysga boluň. Wakalaryň ösüşi hakynda maşgalaňyzyň her bir agzasyna habar bermegi ýadyňyzdan çykarmaň. Haçanda Hudaý dilegleriňize jogap bereninde, hemmäňiz bilelikde Oňa minnetdarlyk bildiriň we bu wakany baýram edip belläň. Ýumuş: maşgala dilegleri we olara alnan jogaplaryň kitaby Nähili wakalar ýa-da nähili ýagdaýlar maşgala dileg ýygnaklaryny gurnamaklyk üçin sebäp bolup biler? Bolup biljek sebäpleri sanaň we olary çagalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Belki-de, maşgala dilegleriniň kitabyny ýa-da dileg senenamasyny edinersiňiz, ol size özüňiziň näme hakda dileg edýändigiňizi we Hudaýyň nähili jogap berýändigini yzarlamaga kömek eder. Özüňiz üçin has oňaýly bolanyny saýlaň. Belki-de, bu tagta, kagyzlar ýa-da başga bir zat bolar. Her gezek öz dilegiňize jogap alanyňyzda, «minnetdarlyk agşamyny» gurnaň. Bütin maşgalaňyz bilen wagtly-wagtynda dileg ediň we öňki dilegleri gaýtalaň. Hudaýyň her dilegiňizi beýlekisiniň yzyndan ýerine ýetirdigiçe, bütin maşgalaňyzyň şadyýanlygynyň şonça-da uly bolýandygyny görersiňiz. «Tirlenip gidýän pökgüleri» kabul etmeklik Durmuşyň ýakymsyz sowgatlary bize berýän günleri çagalarymyza dilege bil baglamaklygyň nusgasyny görkezmekligiň has oňaýly pursatlardyr. Durmuşymyzyň ähli taraplarynda kynçylygymyz bolup, Hudaýyň bolsa öz dileglerimizi eşitmeýändigi ýaly bolup görneninde, çagalar bize üns bilen syn edýändirler. Şeýle ýagdaýlarda olar biziň dileg edip, hiç haçan hem lapykeç bolmaýandygymyzy görmelidirler. Synaga hem biziň, hem-de olaryň ynamlary salynýandyr. Meniň pikirlerim jedelli bolup görnüp bilýändir, ýöne Hudaýa nädip bil baglamadygyny çagalarymyza görkezmekligiň iň wajyp pursady — bu biziň Hudaýa bil baglap bolmaýan ýaly görünýän wagtlarymyzdyr. Bu agyr günlerde biziň ynamymyz öwüt-ündew bermekligiň iň peýdaly serişdesi bolup hyzmat edýändir. Resullar Ýakup bilen Petrusyň sözleri bize goldaw berer: Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň, çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz. Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir. Ýakup 1:2-4 Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň. Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler. 1 Petrus 1:6-7 Bir gezek birnäçe ýyl mundan ozal, aýalym bilen ýaňy-ýakynda öz çaphanamyzy açanymyzda, biz pul meselesinde uly kynçylykda galypdyk. Biz näme etmelidigini bilmedik we bu kynçylyk hakynda Hudaýa gürrüň berdik. Biz dileg edip, Onuň öz mätäçligimiziň öwezini doldurmagyna garaşýardyk. Puluň möçberi gaty uludy, möhlet bolsa çäklidi. Ine-de tölemeli wagt gelip ýetdi — ertir sagat ir sekizde biz gerek möçberdäki pula eýe bolmalydyk. Men elimden gelenini edipdim, bize diňe garaşmaklyk galýardy. Bütin günüň dowamynda lapykeçlikden ýüregimiň gysylan pursady, Hudaýa ýüzlenýärdim we borçnamalary wagtynda ýerine ýetirip bilmedigimiziň ýakymsyz netijeleriniň özümize garaşýandygyna seretmezden, Hudaýa bil baglamaklygy saýlap, özümi köşeşdirýärdim. Men özümize gerek bolan pullaryň poçta boýunça geljekdigine ýa-da poçtaçynyň getirjekdigine garaşýardym. Pullar bize iş gününiň ahyrynda, ýagny agşam sagat bäşler töweregi geler diýip garaşýardym. Agşam sagat bäş bolmagyna on minut galanynda, men dileg etmegimi bes etdirdim we lapykeçlige düşdüm. Eger meniň: «Näme üçin hut men?», «Başyma bela düşdi!» we «Sen nirede?» diýip edýän nalyşlaryma we eňremegime dileg diýip bolýan bolsa, onda men dileg etdim. On minutdan soň, göni sagat bäşde jaň kakyldy. Men gapa tarap okduryldym. Şu wagta çenli maňa ýekeje-de hat getirmedik poçtaçy meniň üçin bukjany getirdi. Bukjada özümiziň pul meselämizi çözüp, beýleki mätäçliklerimizi hem kanagatlandyrarymyz ýaly ýeterli pul üçin çek bardy. Çagalar bize üns bilen syn edýändirler. Olar biziň dileg edip, hiç haçan hem lapykeç bolmaýandygymyzy görmelidirler. Men özümi utanýan ýaly duýdum. Hudaý meni bagyşlady, çünki Ol meni söýýär. Meniň aladamy Ol pata öwürdi. Şondan soň men edýän dilegime Hudaýyň jogabyna garaşyp, lapykeçlige düşmezlige güýç tapýaryn, çünki Hudaýyň wepalydygyny we Onuň jogabynyň «on minutdan» soň geljekdigini bilýärin. Bu ýerde köne nakyly ýatlamaklyk ýerliklidir: «Eger durmuş saňa limon teklip edýän bolsa, ondan limonad et». Eger-de biz hiç zada seretmezden, Hudaýa bil baglamaklyga mümkinçilige eýe bolsak, onda Oňa bil baglalyň. Çagalarymyz bize syn edýändirler we biz Hudaýyň yzyna eýerip, durmuşymyzyň kyn pursatlarynda Ony şöhratlandyryp bilýändiris. Çagalarymyzy dürli synaglary we kynçylyklary dogry kabul etmeklige öwretmeklik bilen, biz durmuşyň ähli getirýänlerini batyrgaýlyk bilen garşy alyp bilmeklerine çagalarymyzy ukyply edýändiris. Biziň ykbalymyza duşýän synaglar munuň üçin täsin ýakymly mümkinçiligi berýändir! Soraglar Geljekde siziň çagalaryňyza nähili ýamanlyklar garaşyp biler? Siziň berýän sapaklaryňyzyň haýsysy çagalaryňyzyň geljekdäki kynçylyklary ýeňip geçmeklerine has peýdaly kömek eder? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Soňky birnäçe aýyň içinde eden dilegleriňiz üçin alan jogaplaryňyzyň birnäçesini ýatlaň we Hudaýa Onuň wepalylygy üçin minnetdarlyk bildiriň. • Çagalaryňyza dilege bolan oňat gatnaşygy görkezip bilmegiňize kömek etmegi hakynda Hudaýdan soraň. • Nähilidir bir karary kabul etmänkä, Özi bilen maslahatlaşmagy ýadyňyzdan çykarmazlygyňyza kömek etmegini soraň. • Çagalaryňyzyň Hudaý bilen has açyk gürrüňdeşlige nädip ruhlandyryp biljekdigiňizi görkezmegi üçin Hudaýa dileg ediň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, haýyş edýärin, haçanda özümde kynçylyklar peýda bolanynda ýa-da haçanda kömege mätäç bolanymda, Saňa ýüz tutmalydygym hakynda ýadymdan çykarmazlygyma kömek et. Isa Mesihiň aby bilen, omyn». 8-nji bap. Hudaýa meňzeş bolmaklyga synanyşyň Dileg — bu siziň ruluňyzmy ýa-da ätiýaçlyk tigiriňiz? Korri ten Boom Çagalara dileg etmekligi öz hususy mysalyňda öwretmeklik has-da peýdaly bolup biler. Öwüt-ündew bermekligiň beýleki peýdaly usuly — Hudaýa meňzeş bolmaklykdyr. Eger-de siz Hudaýa meňzemekklige synanyşýan bolsaňyz, onda siz çagalaryňyza Hudaýa we dilegiň manysyna oňat düşünmeklige kömek edip bilersiňiz. Düşündirýärin. Biziň çagalarymyz Hudaýy görüp bilmeýärler, emma olar bizi görýändirler. Biz Hudaýyň olaryň Gökdäki Atalarydygyny aýdýandyrys, diýmek Ol beýleki atalara meňzeşdir. Ilki bilen siziň çagalaryňyz Hudaýa edil size seredişleri ýaly seredýändirler. Hudaý Özüni Göklerdäki Ata diýip atlandyrýar, Ol bizi Öz keşbinde, Özüňe meňzeş edip ýaratdy. Başga sözler bilen aýdanymyzda, çagalaryňyzda Hudaý hakda dogry düşünjäniň bolmaklygy üçin, Hudaýyň özüňiz bilen gatnaşyk edişi ýaly, siz hem öz çagalaryňyz bilen hut şeýle gatnaşyk etmelisiňiz. Biz özümizde ýaşaýan Hudaýy serpikdirýän aýna bolup bilýändiris. Hudaý biziň çagalarymyzyň Özüne we Ogly Isa Mesihe meňzeş bolmaklaryny isleýändir. Ýöne Hudaý olaryň diňe Özüniň ýa-da Isanyň mysalynda öwrenmeklerini isleýän däldir. Ol çagalarymyzyň olara özümiziň berýän mysallarymyzy kabul edip, olaryň Özüne meňzeş bolmaklaryny isleýändir. Hudaýa meňzeş bolmaklyga synanyşyp, biz çagalarymyza Hudaýyň hyzmat edişi ýaly hyzmat edip bilýändiris we Hudaýyň söýşi ýaly, olary söýüp bilýändiris. Hudaýyň hyzmatynyň nusgasy Hudaý gul hökmünde Pesah baýramy naharynyň öň ýanynda Isa Öz ýanynda ýyganan şägirtlerini haýran galdyrdy, hatda olary aňk-taňk etdi. Ol saçak başyndan aýagyna galyp, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Onsoň bir legene suw duýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen olary süpürmäge durdy. Şägirtleri günuzyn tozanly ýollardan ýöräpdiler we elbetde, olaryň aýaklary hapady. Adatça bu işi öýde iň pes derejä eýe bolan hyzmatkärler ýerine ýetirýärdiler. Hyzmatkärleriň ýoklugy sebäpli, şägirtleriň özleri öz aýaklaryny ýuwup bilerdiler ýa-da Mugallymynyň aýaklaryny ýuwmaklygy hödürläp bilerdiler. Olar Isanyň sözlerine dessine düşünmediler: «Ulyňyz hemmäňize hyzmatkär bolsun. Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler» (Matta 23:11-12). Mesihiň Patyşalygynda iň hormatly ýeri kimiň eýelejekdigi hakynda şägirtleri jedel edipdiler. Hatda öz Mugallymyňyň-da aýaklaryny ýuwmaklyk nahar başynda oturanlaryň ählisiniň içinde iň pes derejäni eýelemekligi aňladýardy. Emma Öz sözlerine şägirtleriniň ünsüni çekmeklik üçin, Isa Özüni «peseltdi». Şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, Ol Özüniň eden işine şägirtleriniň düşünip-düşünmändikleri hakynda sorady. «Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz» (Ýahýa 13:13-14 seret). Isa Özüniň şeýle hereketi bilen ygtyýara eýe bolan adamyň edil Özüniň hut şu wagt edişi ýaly etmelidigini görkezdi. Isa biziň mätäçliklerimizi, isleglerimizi we ýagşylygymyzy Özüniňkiden hem ýokary tutýar. Özüniň ýerdäki bütin ömründe Ol Hudaýa we adamlara hyzmat etdi, soňunda bolsa adamlaryň baky ýaşaýşa eýe bolmaklary üçin görgi görüp öldi. Şägirtleriň özleriniň Isa hyzmat etmeli diýip hasaplandyklaryna men ynamlydyryn, çünki beýik bolanlara hyzmat edilýändir! Isanyň ýerde Öz Patyşalygyny gurmak üçin tanymal we beýik bolary ýaly halky öwredip, syrkawlary sagaldýar diýip, şägirtleri oýlan bolsalar gerek. Ýöne hakykatda Isanyň her bir hereketi, Onuň dilegde geçiren her bir sagady, Onuň taglymatlarynyň her bir sagady, söýgüsiniň her bir aýan bolmaklygy, Onuň amala aşyran her bir täsinligi Onuň bireýýäm şägirtleri bolanlara we geljekde boljaklara bolan hyzmatydy. Isa Özi üçin hiç zat hem etmedi. Hakyky ýolbaşçy we hakyky beýik şahsyýet bolup, Ol Özüni bütinleý adamlara bolan hyzmata bagyşlady. Öz şägirtleriniň aýaklaryny ýuwmaklygy bilen, Ol olaryň ünslerini hut şuňa çekmek isleýärdi. Soňundan bolsa Ol olaryň hem şeýle hereket etmeklerini buýurýar. Hudaý söýgüdir. Dünýäni ýaratmaklygy, Özüniň Ýeke-täk Ogluny gurban etmekligi, adamy hakykat ýoluna getirmeklik üçin edýän ähli sabyrly we üznüksiz synanyşyklary — bularyň baryny Ol Özi üçin däl-de, diňe biziň üçin etdi we ýene-de etmegini dowam etdirýär. Haçanda Hudaý: «Siziň Hudaýyňyz bolaryn» diýeninde, Ol: «Men sizi söýerin we siz hakda alada ederin, size pata bererin we size hyzmat ederin» diýmekligi göz öňünde tutýandyr. Ata-eneler gul hökmünde «Gul agasyndan uly däldir» (Ýahýa 13:16 seret). Mesihiň yzyna eýerijiler bolan biz hem hyzmat etmelidiris. Haçanda Hudaý bizi ata-eneler edeninde, Ol bizi geljekki nesliň hyzmatkärleri etdi. Haçanda Hudaý bize ygtyýarlyk bereninde, Ol Öz üstüne alan borçnamalary biziň hem üstümize atýandyr we olar şundan ybaratdyr: özümize bagly bolanlary çyn ýürekden söýmeklik, olar hakda alada edip, olara hyzmat etmeklikdir. Üstlerinden ygtyýaryňyzyň bolanlaryna näçe hyzmat etdigiňizçe, öz mätäçlikleriňiz we islegleriňiz hakynda näçe az alada etdigiňizçe, şonça-da olaryň isleglerini we mätäçliklerini ýokary tutýansyňyz. Haçanda Hudaý bizi ata-eneler edeninde, Ol bizi geljekki nesliň hyzmatkärleri etdi. Biz çagalara özlerini söýýän, olar hakda alada edip, olara hyzmat edýän Hudaýy görkezmelidiris. Eger-de biz olara ygtyýarlyga eýe bolan adamyň hiç kime hyzmat etmän, tersine, oňa hemmeleriň hyzmat etmelidigini aýdýan bolsak, onda olar Hudaýyň söýgüsine we Onuň özlerine hyzmat etmeklik islegine düşünip, kabul edip bilerlermi? Öz hereketlerimiz bilen biz ilkinjiniň (öz-özüni ilkinji edeniň) soňky boljakdygyny, soňky bolanyň bolsa (öz-özüni iň soňky edeniň) ilkinji boljakdygyny görkezmelidiris. Haçanda men Hudaýyň özümize hyzmat etmek isleýändigini aýdanymda, her gezek aljyraňňylygy başlaryndan geçirýänlere bu pikiri has giňişleýin düşündirmeklik gerekdir. Biz hyzmatkäriň pes adamdygyny, diňe beýik adamlara hyzmat edilmelidigini yglan edýän dünýäde ýaşaýandyrys. Emma Isa bu pikiri inkär etdi we munuň beýle däldigini Ol Özüniň taglymaty we durmuşy bilen görkezdi. Siziň amala aşyryp bilýän iň uly işiňiz — bu öz ýakynlaryňyza hyzmat edip, olar hakynda alada edip, olary söýmekligiňizdir. Hyzmat etmeklik — bu oňat aragatnaşyklara, söýgä we durmuşyň özüne bolan açardyr. Hudaýyň Özi hut şeýle edip ýaradandyr. Hyzmat etmeklik — bu oňat aragatnaşyklara, söýgä we durmuşyň özüne bolan açardyr. Hakyky durmuş — bu hyzmat etmeklikdir. Hudaý Öz çagalaryna hyzmat edip, olardan Özüniň ýagşylygy üçin hiç zat dilemeýän söýgüli we alada ediji Atadyr we Ol biziň hem edil Özüne meňzemegimizi isleýändir. Ol diňe peýda getirýän zatlary bizden talap edýändir. Hudaýyň ähli niýetlän ýa-da edýän işleri biziň ýagşylygymyz üçin amala aşýandyr. Eger biz öz çagalarymyzdan bir zat etmegi haýyş edýän bolsak, onda biz munuň özümiz üçin ýaltalykdygy üçin däl-de, olary öwretmeklik üçin edýändiris. Haçanda biz olara bilim berenimizde, ahyrynda olaryň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, durmuşda özümizi üpjüp edip bilmekleri üçin däl-de, olary uly durmuşa taýýarlamaklyk niýeti bilen etmelidiris. Haçanda çagalarymyz bizden bir zatlar dilänlerinde, biz öz jogaplarymyzda özümiziň hususy isleglerimizden däl-de, olaryň gyzyklanmalaryndan we mätäçliklerinden ugur almalydyrys. Özleriniň dileglerine jogap berýän söýýän Gökdäki Atany çagalarymyza görkezmeklik üçin, biz olara jogap berip, ilki bilen özümizden: «Olar üçin näme gyzykly bolar?» diýip soramalydyrys. Eger-de biz ata-eneler hökmünde çagalarymyz üçin öz durmuşlarymyzy pida edýän bolsak, onda netije bizi haýran galdyrar. Käwagtlar çagalar biziň özlerine beren jogaplarymyzy üýtgetmäge çalyşýarlar. Näme üçin? Çünki olar NÄMÄNIŇ adatly we dogrudygyny bilýändirler. Dogrudanam, biziň başdaky jogaplarymyzy üýtgeden pursatlarymyzyň 99%-i nädogrudy, çünki biz çagalar hakynda oýlanman, ýagny hyzmatkärler hökmünde özümizi alyp barman hereket edipdik. Ýogsa-da, deňagramlylygy saklamaklyk ýagdaýy hakynda ýatlamaklygyň wagty ýetdi. Haçanda siz çagalaryňyz üçin öz durmuşlaryňyzy pida edeniňizde, siz Mesihe meňzäp, olaryň beýleki adamlara-da hut şeýle gatnaşyk etmeklerine öwredýänsiňiz: «Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň» (Efesliler 5:21). Oýlanyň 1. Hyzmatyň özüňiz üçin agyr meseläniň bolýandygynyň sebäpleri hakynda oýlanyň. Mysal üçin, edil birine hyzmatyň ol adamdan özüňizi pes tutmagyňyzy aňladýany ýaly, siz özüňizi kemsidilen duýýarsyňyz. Ýa-da, belki-de, siz beýle hyzmat çagalaryňyzyň alnynda özüňizi abraýdan düşürýär diýip hasaplaýansyňyz? Öz çagalaryňyza nähili ynamlaryň we esaslaryň hyzmat etmäge rugsat bermeýändigini ýazyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Bu meseläni çözüp, Mesihe meňzemegiňiz üçin näme edip bilersiňiz? Öz ynamlaryňyzdan we esaslaryňyzdan ugur alyp, siz nähili hereket edýärsiňiz? Olaryň üýtgetmegi üçin näme edip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Hudaýyň söýgüsiniň nusgasy Resul Pawlusyň Korintoslylara ýazan birinji hatynyň 13-nji babynda (Söýgi hakyndaky bapda) täsin pikirler ýazylan. Bu babyň (1 Korintoslylar 13:4-8) aýatlaryny belgilerde we şygarlarda ýazýarlar, hatdatlar olary göçürmegi halaýarlar, olary toýlarda, uniwersitet agşamlarynda we ş.m.-de hemişe ulanýarlar. Bu aýatlar şeýle bir kän gaýtalanýandyrlar welin, hatda olar ulanmaly bolan iş ýüzündäki maslahatlar ýaly däl-de, haýran galmaklygy döredýän goşgular ýaly kabul edilýändir. Ýöne bäş aýatlar biziň Hudaýyň ähtlerine laýyklykda nähili söýmelidigimizi bize düşündirýändir. Has labyzly bolary ýaly edilip ýazylan bu aýatlar aşakda: Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez… 1 Korintoslylar 13:4-8; kursiw meniňki. — R. O. Bir gezek bu aýatlary gaýta-gaýta okap, olary nädip iş ýüzünde ulanyp bolýandygy hakynda oýlanyp, men özümiň olara düşünip bilmegime kömek edip biljek bir zada üns berdim. (Meniň bu aýatlary iş ýüzünde ulanmaklyk garaýyşlarymy grek nusga bilen mesihilik taglymatynyň neneň derejede tassyklaýandygyny bilmeýärin, şonuň üçin hem aşakdaky tassyklama edil taglymat hökmünde däl-de, ruhlandyryjy pikir hökmünde serederis). Bu aýatlarda agzalan söýginiň ähli häsiýetleriniň özara baglanyşyklydygyna men ynamlydyryn. Söýgi sabyrlydyr we şepagatlydyr Söýginiň birinji häsiýetlerine serediliň. Sabyrlylyk — bu häsiýetdir, şepagatlylygy aýan etmeklik bolsa — hereketdir. Haçanda biz sabyrlylygy ýitirenimizde, gaharlanýandygymyz mälimdir. Haçanda çagalar ýa-da käbir durmuş ýagdaýlary meni sabyrlylygy ýitirmäge mejbur edeninde, özümiň gaharly ses bilen erbet sözleri aýdýandygyma men üns berdim. Bir gezek agşam men keýpsizlikde bolupdym we men hiç-de dilegde ünsümi jemläp bilmedim, gyzym bilen bolsa sabyrsyz bolupdym. Men onuň bilen gaty ýüzleý gepleşip, öz işim ugruna gitdim. Çaga otagyndan çykyp, men gyzyma Gökdäki Atanyň ony neneň güýçli söýýändigini düşündirjek bolup, men, onuň ýerdäki atasy, onuň bilen ýaman gatnaşyk edipdim. Neneň gapma-garşylyk! Men saklanyp, yzyma öwrülip gitdim. Gyzymyň düşeginiň ýanynda dyzyma çöküp, men ondan ötünç soradym. Şondan soň men gyzymyň ýanynda eglendim we Hudaýyň söýgüsiniň nusgasyny oňa aýan etmeklik üçin oňa gaty ünsli boldum. Söýgi göripçilik edýän däldir, öwünýän hem däldir Göripçiligiň çeşmeleri — özüňe ynamsyzlyk we egoizmdir. Göripçiligiň ters tarapy — öwünmeklik, özümiziň oňatdygymyzy subut etmäge synanyşmaklyk. Ata-eneler hökmünde biz gaty seresap bolmalydyrys we özümize ynamly bolup bilmezlik duýgymyz zerarly çagalarymyzy kemsitmeli däldiris, olary özümiz ýa-da beýleki çagalar bilen deňeşdirmeli däldiris. «Seniň pikiriňçe, sen gaty erbet ýaşaýarsyň! Haçanda men kiçi wagtymda, mekdebe barmak üçin elim köwüş üçin gutuly garly ýol boýunça on milden hem artyk aralygy geçýärdim!» Beýle sözler çagalaryň üstünliklerine ýol berýän däldir. Olar ony kemsidýändir. Söýgi tekepbirlik edýän däldir, biabraýçylykly iş edýän däldir Tekepbirlik bizi özümiziň beýlekilerden oňatdygymyz hakynda oýlanmaklyga mejbur edýändir. Haçanda biz özümizi beýlekilerden beýik hasaplanymyzda, biz gödek we hormatsyz bolýandyrys. Eger-de biz beýlekiler bilen gödek gatnaşyk edýän bolsak, onda özümizi tekepbirlik eýelemedimikä diýip, barlag geçirmelidiris. Haçanda biz özümiz bilen deňeşdirilende, çagalarymyzyň akylly we başarjaň däldiklerine üns berenimizde, biz olara gödek gatnaşyk edip, olara öýkeli sözleri aýdyp bilýändiris. «Sen henizem muňa düşünip bilmeýäňmi?» «Näçe gezek men ýene saňa muny düşündirmeli?» «Sen samsykmyň, näme?» Özümiziň hatda Hudaýyň bilýänleriniň azajygyny-da bilmeýändigimize seretmezden, çagalarymyza her bir kişini söýýän we ol hakda alada edýän Hudaýy görkezmelidiris. Biz özümizi pes tutup, entegem özümiziň hem öwrenýändigimizi bilip, çagalarymyzy söýgi bilen terbiýelemelidiris. Özümiziň hatda Hudaýyň bilýänleriniň azajygyny-da bilmeýändigimize seretmezden, çagalarymyza her bir kişini söýýän we ol hakda alada edýän Hudaýy görkezmelidiris. Söýgi öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan hem däldir Meniň ruhy terbiýeçilerimiň biri öz wagzynda gaharyň köküniň egoizmdigi hakynda aýdypdy. Biz gaharlanýarys, çünki biziň isleglerimiz ýerine ýetmeýär ýa-da isleýşimiz ýaly çalt ýerine ýetýän däldir. Haçanda kimdir biri ýa-da bir zat biziň meýilnamalarymyzyň amala aşmagyna päsgel bereninde, biz gaharlanýandyrys. Öz ýüregimizde gaharyň gaýnap başlanyny duýanymyz dessine, biz bütinleý öz şahsyýetimize üns berendigimiz we başga adamyň mätäçlikleri, islegleri we meýilnamalary hakynda oýlanmaklygyň oňat bolýanlygy hakynda özümize ýatlatmalydyrys. Şeýle ýagdaýlar bolýandyr welin, hatda ähli düşündirişlerden we duýduryşlardan soň hem çagalarymyz özlerine zyýan getirýän işlerini dowam etdirýändirler. Şeýle ýagdaýda gaharlanmak ýerliklidir. Beýle gahar biziň öz nepimizi gözleýän däldir. Ol edil ot ýaly tutuşýan däldir we biziň egoizmimiz sebäpli däl-de, çagalarymyza bolan söýgi sebäpli dörändir. Ýöne biziň öz çagalarymyzdan nägile bolmaklygymyzyň esasy ýagdaýlarynda biz şuny aýan edýändiris, ýagny onuň çeşmesi — biziň egoizmimizdir. Şeýle ýagdaýlarda saklanyp, ünsümizi aladamyzyň we söýgümiziň göneldilenine, ýagny çagalarymyza dikmelidiris. Söýgi adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr Her gezek biz özgäniň ýalňyşlygyny duýanymyzda, biz ony berk ýadymyzda saklaýandyrys we netijede oňa adamlaryň ünslerini çekmeklik maksady bilen, ol hakda adama elmydam ýatladýandyrys — adalatsyzlyga şatlanýandyrys. Bu ýalňyşlyk biziň guralymyz bolup galýandyr we bu gural arkaly biz ol ýalňyşlygy goýberen adama ýolbaşçylyk edip başlaýandyrys. Söýgi bolsa, tersine, hakykata şatlanýandyr. Ol goldaw berýär. Ol ýalňyşlyk goýberene öwredýändir, onuň ýalňyşlygyny düzedip, hiç haçan gaýtalamazlygyna kömek edýändir. Şeýle-de, bu söýginiň adamyň edýän ýalňyşlygyna üns berýändigini aňladýandyr we ol adamy ýalňyşlyklary üçin käýemän, onuň öňe gitmegine goldaw berýändir. Öz çagalarymyzyň terbiýeçileri hökmünde, biz olara özümizi bagyşlaýan we şowsuzlyklara seretmezden, ynamda ösmeklik üçin bize goldaw berip, elmydam bagyşlaýan Hudaýy görkezmelidiris. Söýgi asla tükenmez Indiki dört tassyklamalar «Söýgi hakyndaky babyň» jemleýji bölegi bilen birleşdirilendir we ýokardaky ähli aýdylanlary jemleýändir. «Söýgi her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr». Mukaddes Kitap Hudaýyň söýgüdigi hakynda aýdýar. Ol hemişe bizi örtýändir (goraýandyr we goldaýandyr). Ol hemişe bize ynanýandyr (biz hakda oňat pikir edýär we biziň adalatly hereket etjekdigimize ynanýandyr). Ol hemişe umyt edýändir. Bu Onuň hemişe bize ynamlydygyny, hiç haçan hem bizden lapykeç bolmajakdygyny aňladýandyr. Ahyrynda, Hudaý her zada çydaýandyr. Hiç zada seretmezden, Hudaý bizi taşlaýan däldir, bizi söýmegini we biz hakda alada etmegini bes etdirýän däldir. Haçanda biz Hudaýa meňzäp, Onuň söýşi ýaly söýýän bolsak, onda biz iň oňat netijelere eýe bolýandyrys. Ata-eneler hökmünde, biz öz çagalarymyzy gorap, olara döz gelip we olary goldap, olara Hudaýyň keşbini görkezýändiris. Biz olar hakda oňat pikirde bolup, olaryň dogry hereket etjekdiklerine ynanmalydyrys. Biz hemişe olara bil baglaýandyrys we hiç haçan hem olara lapykeç bolýan däldiris. Biz öz söýgümizde durnuklydyrys we hiç zada-da seretmezden, olara terbiýe bermekligi, öwretmekligi, öwüt-ündew bermekligi we olar hakda alada etmekligi bes etdirýän däldiris. Ahyrsoňy söýgi hemişe-de ýeňýändir. «Söýgi asla tükenmez» — diýip, Mukaddes Kitapda aýdylan. Men ähli ünsüň ruhy tertip-düzgünde jemlenen maşgalalary gördüm, emma olara söýgi ýetmezçilik edýärdi. Men ruhy tertip-düzgüniň ýetmezçilik eden maşgalalary gördüm, emma söýgi gowşamady. Çagalara ilkinji orunda adamlary söýmeklige öwredilen maşgalalar berk we agzybir boldular. Meniň özümiň şu wagta çenli gören iň täsir galdyryjy üstünlikler çagalary söýmeklige, alada bilen dileg etmeklige öwredilen maşgalalarda bolup geçipdi. Şeýle maşgalalar Hudaýyň merhemetinde galýardylar. Ynamyň söýgi arkaly hereket edýändigi hakynda Mukaddes Kitapda ýazylandyr (Galatýalylar 5:6 seret). Resul Ýahýa hem şeýle tassyklaýar: «Kim: “Hudaýy söýýärin” diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr…» (1 Ýahýa 4:20). Öz mysalymyzda biz çagalarymyza özümizi çäksiz söýýän, elmydam alada edýän, öwredýän we terbiýe berýän, teni höweslerimizi ýeňmeklige kömek edýän, ähli edýän işlerini biziň ýagşylygymyz üçin edýän Hudaýy görkezmelidiris. Hudaý söýgüdir. Söýgi asla tükenmez. Haçanda biz Hudaýa meňzäp, Onuň söýşi ýaly söýýän bolsak, onda biz iň oňat netijelere eýe bolýandyrys. Soraglar Siz nädip öz çagalaryňyza hyzmat edip bilerdiňiz? Muňa bäş mysal getiriň. Bu işleriň düzüwini düzüň we olary hepdäniň günlerine laýyklykda paýlaşdyryň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Ýumuş: senenama Öz çagalaryňyz üçin ýörite senenama giriziň. Onda öz çagalaryňyza Hudaýyň söýgüsini görkezmeklik üçin özüňiziň edip biljek işleriňizi birnäçe aý öňünden ýazmalysyňyz. Onda doglan gün, dynç günleri, baýramçylyklar we şuňa meňzeşler ýaly maşgala baýramçylyklaryny belläň. Her aýda iki sany aýratyn güni belläň. Onsoň çagalaryňyza öz söýgiňizi görkezmeklik üçin olara bu günleriň her birinde nädip hyzmat edip bilýänligiňiz hakynda oňatja oýlanyň. Siz nähilidir bir aýratyn oturlyşygy meýilleşdirip bilýänsiňiz. Olaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylyklary gurnap, olara sowgatjyklar berip bilýänsiňiz. Şeýle-de, bu çaga bilen ýekelikde ýöne ýüzbe-ýüz gürrüňleşmek bolup bilýändir. Senenamany çagalaryňyza sowgat ediň, goý, olar her aý özleri üçin nämäniň garaşýandygyny bilmekleri üçin, ony görnükli ýerde assynlar. Dileg üçin mowzuklar • Isa Mesihde hakyky söýgini özümize aýan edendigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Özüňiziň çagalaryňyzy söýüp, olara hyzmat etmegiňiz üçin Hudaýdan kömek diläň. • Ähli diýýän we edýän işleriňizde öz çagalaryňyza bolan söýgüňizi aýan edip bilmekligiňiz üçin dileg ediň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, öz ata-enem üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Senden haýyş edýärin, enem bilen atamyň özüme Sen hakda gürrüň berip, Seni aýan etmeklerine kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 9-njy bap. Täsin merhemet Mähriban Hudaýym, ýerimden galmagyma kömek et, meniň özüm diňe aşak gaçyp bilýärin. Ýewreý atalar sözi Eger-de sizde bu kitabyň özüňizden gaty kän zady talap edýändigi ýaly duýgy dörän bolsa, onda ruhdan düşmeli däldigiňiz hakynda men ýokarda aýdyp geçipdim. Indi bolsa siz kitabyň ikinji böleginiň köpüsini okanyňyzdan soň, şeýle pikir edip bilersiňiz: «Bu Rik maňa: “Kämil bol, oňat görelde bol, öz çagalaryňy söý, olara dileg durmuşyny öwret we bularyň baryny indiki başgüne çenli et. Hawa, tas ýadymdan çykarypdym, belki-de, sen ýene-de birnäçe dünýäniň syýasy kynçylyklaryny çözersiň?” diýýär». Elbetde, geljekki başgüne çenli biziň hiç haýsymyz hem kämil adam bolmarys, çagalary ruhy taýdan terbiýelemek asla muny göz öňünde tutýan däldir. Men size özümiň doly bil baglaýan serişdämi hödürlemek isleýärin. Onsuz men ata-ene hökmünde bolup bilmezdim. Bu merhemet boýunça terbiýelemeklik, ýagny Hudaýyň merhemeti boýunça terbiýelemeklik. Hudaýyň elleriniň işi Merhemet boýunça terbiýelemekligiň näme aňladýandygyna düşünmeklik ýa-da dogruçyl çagalary terbiýelemekde Hudaýyň merhemetiniň güýjüni göz öňüne getirmeklik üçin, meniň ilkinji mesihi tejribämiň bir tarapyna seredip geçeliň. Haçanda men mesihi bolanymda, haçan nobatdaky dileg ýygnagy bolarka diýip, höwes bilen garaşýardym. Oňat adamlaryň biri maňa «ruhy esger» diýip at dakdy. Men Hudaýa ýaranmaklyga, ähli zady dogry etmeklige we kämil bolmaklyga şeýle bir ymtylýardym welin, hatda ujypsyzja ýalňyşlygy goýberip, özümi gaty jezalandyrýardym. Men şeýle ýagdaýa ýetdim welin, gaty ruhdan düşüpdim. Men ýeňilendigimi boýun almaga taýyndym. Onsoň maňa Endrýu Mýurreýiň kitabyny berdiler. Nobatdaky gezek özümi jezalandyrmagy bes etdirip, bu kitaby okamaklyga girişdim. Bu kitaby okap başlap, men Filipililere ýazylan hatdaky sözlere üns berdim: «Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr» (Filipililer 2:13). Bu aýat meni geň galdyrdy we içimde bar zat: «Rik ilki bilen Hudaýyň erkini ýerine ýetirmekligi özünde döredip bilýän däldir, soňra bolsa ony ýerine ýetirmeklige özüni mejbur edip bilýän däldir. Muny Hudaý amala aşyrýandyr. Bu Onuň işidir» diýip gygyrýan ýalydy. Haçanda biz Hudaýyň öňünde boýun bolanymyzda, Ol söýgi bilen biziň ýüreklerimizi we janlarymyzy özgerdýändir. Bent dargadylypdy we men neneň özüme ynamlydygymy bilip, uzak wagtlap agladym. Isa diňe bir günä kynçylygyny çözmeklik üçin ölmedi, eýsem Ol muny biziň özümizi söýýän, özümiz bilen bilen hyzmat edýän we bize ýolbaşçylyk edýän, özümizi ýaradyşy ýaly bolup bilmegimize we ruhy taýdan ösmegimize söýgi bilen goldaw berýän Hudaý bilen oňat gatnaşyklara ýene-de eýe bolmagymyz üçin hem etdi. Biz ruhdan düşýän däldiris, biz özümizi Onuň eline tabşyrýandyrys. Biz öz hususy güýjümize däl-de, Hudaýyň we Onuň Ogly Isa Mesihiň ýolbaşçylygyna boýun bolup, öňe hereket edýändiris. Haçanda biz Hudaýyň öňünde boýun bolanymyzda, Oňa öz durmuşymyzy tabşyranymyzda, özümiziň ruhy ösüşimizi Oňa ynananymyzda, Ol söýgi bilen Mukaddes Ruh arkaly biziň ýüreklerimizi we janlarymyzy özgerdýändir. Şondan soň Mukaddes Kitapda men Hudaýyň özüme ýolbaşçylyk edýändigi hakynda şaýatlyk edýän beýleki aýatlary tapdym. Öz halanyny Isa Mesih arkaly sizde amala aşyryp, Öz islegini ýerine ýetirmegiňiz üçin, sizi ähli oňat işde kämilleşdirsin. Mesihe ebedilik şöhrat bolsun! Ýewreýler 13:21 Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaýyň Özi sizi bütinleý mukaddes etsin. Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsun. Sizi çagyran Hudaý ynamdardyr, Ol muny başarar. (1 Selanikliler 5:23-24; kursiw meniňki. — R. O.) Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin. Ruhumy içiňize salyp, sizi düzgünlerimden ýörederin; onsoň hökümlerimi saklap, olary berjeý edersiňiz. (Hezekiýel 36:26-27; şeýle-de, 1 Korintoslylar 15:10 we Filipililer 1:6 seret). Hudaýyň özi bize ýolbaşçylyk edýär we biziň Onuň Öz ýollaryndan ýöräp, Onuň patalaryny alyp bilmegimiz üçin wajyp bolan üýtgeşikleri girizer. Bizden talap edilýänleriň bary — bu Oňa ynanmaklyk we öňe gidip bilmegimiz üçin Onuň öňünde boýun egmegimizdir. Durmuşymyzyň Onuň kömegine mätäç bolan ýerlerinde Özüniň ýolbaşçylyk etmegi hakynda biz dileg etmelidiris. Muňa çagalarymyzy terbiýelemek hem girýändir. Hudaý bize akyldarlyk berýär we biz Onuň isleýşi boýunça ata-eneler bolýandyrys. Oýlanyň 1. Ýokarda getirilen aýatlar hakynda oýlanyň (şeýle-de, siz beýleki aýatlary hem gözläp bilýänsiňiz). Durmuşyňyzyň haýsy taraplarynda Hudaýyň özüňize ýolbaşçylyk edýändigini bilmekligiňiz sizi aladalardan we howsalalardan azat edýändir? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Haýsy ýagdaýlarda size özüňiziň ata-eneler hökmünde Hudaýyň merhemetine dogrudanam mätäçdigiňiz aýdyň bolýar? Özüňize Hudaýyň merhemetini almaga päsgel berýän böwetleri nädip ýeňip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Siz nädip Hudaýa has kän ynanyp bilersiňiz? Üstünlikli öňe gitmegiňiz üçin özüňizi nädip Hudaýyň alnynda boýun egdirmelidigini bilýärsiňizmi? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Hudaýyň merhemeti boýunça terbiýelemeklik Biziň çagalarymyz täsin ýaradylandyrlar, olaryň her birleri — gudraty güýçli Hudaýyň täsin çeper eseridir. Olaryň bary — Onuň ýaradyşynyň täjidir we şeýle bir çylşyrymlydyrlar welin, hatda alymlar, psihologlar we lukmanlar çaga bedeniniň gurluşynyň we işleýşiniň syrlaryna ýakynlaşyp bilmediler. Muny bilip, biz Hudaýyň Özüniň kömegi we akyldarlygy bolmazdan, bize çagalarymyzy terbiýelemekligi tabşyrmajakdygyna ynamly bolup bilýändiris. Çagalarymyzy nädip terbiýelemelidigi hakynda bir zatlar bilýändigimiz hakynda biz nädip oýlanyp bilýändiris? Hudaý bize ýolbaşçylyk edýär Özümizi oňat ata-eneler etmegi hakynda Özünden soramagymyzy Hudaý isleýändir. Ol bize akyldarlyk bermegi we bu jogapkärli borçnamamyzy gün-günden ýerine ýetirmäge kömek etmek isleýändir. Biz kämil bolmarys. Emma haçanda Hudaý bize ýolbaşçylyk edeninde, biz bolsa Onuň merhemetine bil baglanymyzda, Ol biziň ýalňyşlyklarymyzy düzedýändir we bar zady biziň ýagşylygymyza öwürýändir. Terbiýeçiler hökmünde biziň iň esasy borçnamamyz — çagalary Hudaýa getirmeklik we olara dileg etmegi öwretmeklikdir. Bu borçnamany ýerine ýetirmeklik bilen, biz Hudaýdan kömek we akyldarlyk dilemelidiris, Onuň özümize öwüt-ündew bermegine rugsat bermelidiris. Ruhy taýdan ösmeklik üçin, oňat we söýýän mugallymlar bolmagymyz üçin, öz çagalarymyz üçin durmuşlarymyzy pida etmeklige öwrenmeklik üçin bize Onuň kömegi gerekdir. Bu gaty beýik aýdylan sözler kimin eşidilýän däldir. Bu biziň durmuşymyzyň hakykatydyr. Her gün Hudaýa: «Muny meniň özüm başaryp bilmerin. Özüme ýolbaşçylyk edip, Öz yzyňa eýermegime we Seniň erkiňi ýerine ýetirip bilmegime kömek etjekdigiň hakynda Özüň aýdypdyň. Çagalarymyzy Seniň parzlaryňa laýyklykda terbiýelemäge kömek et» diýmeklik asla kyn däldir. Haçanda siz özüňiziň baş çykaryp bilmeýän ýagdaýyňyza düşeniňizde, aljyraňňylyga düşmäň, munuň deregine Hudaýdan kömek we akyldarlyk diläň. Ýene bir täsin ýagdaý: Hudaý bize diňe haçanda dileg edinimizde ýa-da çagalarymyzy dileg etmeklige öwredenimizde ýolbaşçylyk edýän däldir. Ata-eneler bolan biziň nirede bolýandygymyza seretmezden, Ol her bir minutda çagalarymyz hakda alada edýändir. Bu suratda dynç alýan adamyň çekilip, aşagynda bolsa: «Men otagy arassalaýaryn» diýen ýazgynyň ýazylandygyna meňzeýändir. Hatda haçanda biz çagalarymyz bilen meşgul bolmanymyzda-da (käwagtlar bolsa, hut şol pursatlarda) olaryň durmuşlarynda Hudaýyň bardygyna ynamly bolup bilýändiris. Rehimli boluň we gowşak görünmeklikden gorkmaň «Merhemet boýunça terbiýelemeklik» babatynda ýene bir bellik: edil mesihi hökmünde ruhy taýdan dogrudanam ösýän her kes muny Hudaýyň merhemeti bilen edýändir. Hudaýyň merhemetinde ösýän adam bolsa, beýlekilere-de merhemetli bolýandyr, çünki özüniň hususy güýji bilen däl-de, diňe Hudaýyň merhemeti boýunça özüniň ynamda berkäp, öňe hereket edýändigini bilýändir. (Hudaýyň kömegi bolmasa, onda men hiç haçan hem özüm bilen göreşmegimi bes etdirmezdim). Edil Göklerdäki Atamyzyň özümize rehimdar bolşy ýaly, biz hem öz çagalarymyza rehimdar bolalyň. Kämil bolup görünmeklige çalyşmaň. Çagalar özlerini aldadýan däldirler. Merhemetde ösüň we özüňiziň hususy ruhy ösüşiňizi çagalaryňyzdan gizlemäň. Goý, olar siziň synanyşyklaryňyzy we olary nädip ýeňýändigiňize Hudaýyň kömek edýändigini görsünler. Çagalaryňyz üçin elýeter boluň, öz gowşaklyklaryňyzy aýan etmeklikden gorkmaň. Çagalaryňyzyň ýanlarynda dyzyňyza çöküp, Hudaýdan ötünç soraň, oňat ata-ene bolmagyňyz üçin özüňizi özgerdip, berkitmegi hakynda dileg ediň. Çagalarymyzyň dileg durmuşlarynyň üstünlikli bolmagy üçin, olaryň Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklary üçin, olara Onuň merhemetine bil baglamaklygy öwrenmeklik wajypdyr. Olar özlerini Hudaýyň özgerdip, öwretmekligi üçin we iň esasy zat — Özüni tanamaklyga kömek etmekligi üçin dileg etmelidirler. Olar bize syn edip, biziň nädip Hudaýa bil baglap, ynamda ösýändigimize, nädip ýalňyşyp, ýuwaş-ýuwaşdan ata-eneler hökmünde kämilleşýändigimize syn edip, muňa öwrenmelidirler. Hudaýyň merhemetinde ösüň we özüňiziň hususy ruhy ösüşiňizi çagalaryňyzdan gizlemäň. Kämilsizligiň artykmaçlyklary Çölde ölen we Hudaýyň gödek we boýnyýogyn diýip atlandyran nesil wada berlen ýurt bolan Kengany basyp alan nesli terbiýeläpdi. Belki-de, bu Mukaddes Kitapda gürrüň berlen ysraýyllaryň iň oňat neslidir. Bu nesil Hudaýy söýüpdi we Onuň yzyna eýeripdi, ýöne, öz gezeginde, Mukaddes Kitabyň aýdyşy ýaly, bu nesil Hudaýy tanamadyk we kenganly butlara sežde eden haram nesli terbiýeläp ösdüripdi. Näme üçin? «Dogry ata-eneler» bilen «dogry çagalar» düşünjeleriniň arasynda deňlik belgisini goýup bolmazmy näme? Ýok. Bu iki düşünjeleriň deňsizligi ynamda ösmeklik ýagdaýy bilen kesgitlenilýändir. Hatda eger birinji nesilden bolan ysraýyllylar boýnyýogyn hem bolsalar, muňa garamazdan, olar öwrenmeklige we üýtgemeklige girişdiler. Haçanda olar ýalňyşlyk edenlerinde, Hudaýdan ötünç we Onuň kömegini dilemeklige öwrendiler. Olaryň çagalary özleri bilen çölde ýöräpdiler. Olar ata-eneleriniň ýalňyşlyklaryny, Hudaýyň täsinliklerini we jezalaryny görüpdiler. Olar öz ata-eneleri bilen ynamda ösüpdiler we ahyrynda Hudaýa hyzmat etmeklige öwrenipdiler. Wada berlen ýurtda olaryň durmuşlary rahat we üpjün edilendi. Olar öňki kynçylyklar bilen duşuşmadylar we öňki täsinlikleri, günäleriň yzyndan gelýän jezalary görmändiler. Netijede olar öz çagalaryny özleri bilen bilelikde ruhy taýdan ösmeklige öwretmediler. Eger biz kämil bolmasak, onda dogry çagalary terbiýelemek roly üçin gaty oňat laýyk gelýändigimize şatlanyp bilýändiris. Linkolnyň dilegleri Ikinji bölümiň başynda biz dilegiň öz durmuşynyň esasy hakynda aýdan Awraam Linkoln hakynda ýatlapdyk. Onuň terjimehalyny okap, onuň dilegi iň soňky serişde hökmünde hasaplandygyny görüp bilersiňiz. Uzyn boýly, güýçli ýigit özüniň tanyşlarynyň arasynda gaty meşhurdy, ol şadyýandy, paýhaslydy we hiç kimiň başaryp bilmeýän ýagdaýynda dürli gürrüňleri aýdyp bilýärdi. Ol gaty zähmetsöýerdi, ýuridiki mekdebi gutarypdy we özüniň öňe gitmeklik hyjuwyny gowşadyp, lapykeçlige düşürip bilýän gaýgyly ýagdaýlara, ýitgilere seretmezden, ol dyngysyz we erjellik bilen öz maksadyna tarap gidýärdi. Emma tizara haçanda Linkolnyň prezidentlige saýlananynda soň onuň egnine öz ýurduny raýatlyk urşunyň bütin elhençlerinden alyp geçmeklik jogapkärligi düşeninde, ol özüniň çykyşlarynda dileg hakynda gürrüň edip, özüniň hususy güýjüniň we akyldarlygynyň ýetmezçilik edip başlandygyny görendigini boýun aldy. Bir gezek prezident Linkoln şeýle diýipdi: «Güdratygüýçliniň gönüden-göni kömegi bolmasa, hiç bir iş üçin hem özümiň güýjümiň ýetmeýändigi baradaky pikire men gaty ir geldim. Men köplenç özümiň bolşundan has-da dogruçyl adam bolmak isleýärdim. Ýöne öz hökümetimiň alnynda duran kynçylyklardan gaty gorkup, men başga hiç hili serişde tapman, bar umydymy Hudaýa bagladym we işi Onuň adalatlygyň peýdasy üçin çözjekdigini bilýärdim». Beýleki gezek ol ýaralanan esgerler üçin eden aladasy üçin minnetdarlyk bildiren lukmana şeýle jogap berdi: «Bir gezek ýagyşly gije men uklap bilmedim. Meni ýaralanan esgerleriň we derýaçy esgerleriň ýagdaýlary uly alada galdyrdy, olaryň ýaralary meniň ýüregimi ýarýardy we men olara nädip kömek etmelidigini Hudaýyň görkezmegi hakynda dileg edip başladym. Dileg edenimden soň, Hudaý maňa sanatoriý bölümiň döredilmeginiň meýilnamasyny açdy we ol edil şol gije Hudaýyň özüme aýan edişi ýaly amala aşyrylypdy. Lukman, maňa däl-de, Göklerdäki rehimdar Ata minnetdarlyk bildiriň» (Emmanuel Hertz. comp., Lincoln Talks (New York: Halcyon, 1941), 576.). Tizara Gettisbergdäki söweşden soň Awraam Linkolndan näme üçin söweşiň şowly gutarjakdygyna gaty ynamly bolandygy hakynda soradylar. Biraz wagt dymyp durup, ol şeýle jogap berdi: Onda näme, ählisiniň nähili bolandygy hakynda men size gürrüň bererin. Söweşiň iň aýgytly pursadynda, haçanda hemmeler aljyraňňylyga düşen ýaly bolanlarynda we söweşiň nähili gutarjakdygyny hiç kimiň aýdyp bilmän ýagdaýynda, men özümiziň düşen ýagdaýymyzyň agyrlygynyň duýgusy bilen öz jaýyma girdim, gapyny ýapyp, gudraty güýçli bolan Hudaýyň alnynda dyza çöküp, Gettisbergdäki söweşde ýeňiş gazanmaklygymyz üçin dileg edip başladym. Men Oňa bu urşuň Onuň Öz urşudygyny we biziň işimiziň — Onuň işidigi hakynda aýtdym, emma biz edil Frederiksbergiň ýa-da Çenslorswilliň golaýyndakysy ýaly ýene bir ýeňilmekligi başymyzdan geçirip bilmeris. Onsoň men eger Hudaýyň Gettisbergiň golaýynda meniň oglanlarymyň ýanynda dursa, onda özümiň hem Onuň ýanynda durjakdygym hakynda ant içdim. Şondan soň (men munuň nähili bolup geçendigini düşündirip bilmeýärin) öz ýüregimde süýji rahatlyk höküm sürdi — men gudraty güýçli bolan Hudaýyň baryny Öz eline aljakdygyna we Gettisbergiň golaýyndaky söweşiň netijesiniň bolsa şowly boljakdygyny bildim. Ine, näme üçin men şonda alada galypdym (William J. Wolf, The Almost Chosen People: A Study of the Religion of Abraham Lincoln, New York: Doubleday, 1959), 125.). Awraam Linkoln gitdigiçe dilege bil baglaýardy we hemmeleriň öňünde özüniň ynamy hakynda gürrüň edipdi. Ol iň agyr döwürlerde ýurda ýolbaşçylyk etdi we durmuşynyň esasynyň dilegdigini özi üçin açanynda soň hem muny başaryp bildi. Eger-de dileg arkaly baglaşylýan Hudaý bilen birlikde bolmasaň, onda hiç bir uly işi amala aşyryp bolmaýandygyna ol oňat düşünýärdi. Soraglar 1. Siz nämede kämil däl? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Öz çagalaryňyza Hudaýyň merhemetiniň hereketini görkezmeklik üçin siz öz ýetmezçilikleriňizi nädip düzedip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Siziň çagalaryňyz nähili kynçylyklary ýeňip geçýärler? Soňky hepdäniň ýa-da iki hepdäniň içinde çagalaryňyzyň özüňize gürrüň beren kynçylyklarynyň birnäçesini görkeziň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Bu kynçylyklary ýeňip bilmekleri üçin siz nädip öz tejribäňizi ulanyp bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Çagalaryňyzy terbiýelemek işinde hemişe Özüne ýüz tutup bilýändigiňiz üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Nähili ýagdaýlarda size ata-eneler hökmünde Hudaýyň ýolbaşçylygynyň talap edilýändigi hakynda oýlanyň. Şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigiňizi bilmegiňiz üçin Hudaýdan akyldarlyk soraň. • Hudaýa öz ýeňişleriňiz, ýykylmalaryňyz, pikirleriňiz, sözleriňiz we işleriňiz hakynda gürrüň beriň. Olary Özüniň şöhraty üçin ulanmagy hakynda dileg ediň. • Özüňize we çagalaryňyza Öz merhemetini eçmekligi hakynda we sizi Özüne ýakynlaşdyrmaklygy hakynda dileg ediň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, kakam we ejem üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Olar bilen özümiň, olaryň bolsa özüm bilen sabyrly bolmagymyza kömek et. Özümi söýýän we kynçylyklarymy çözmäge kömek edýän kakam bilen ejemi maňa berendigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». * ÜҪÜNJI BÖLÜM. Başladyk! * Hudaýy tanamaklyk islegi bilen wagyzçy kän dileg etdi, dyngysyz okap, Mukaddes Kitaby öwrenýärdi we özüniň düşünjesinde iň esasy zada — dileglere Hudaýyň jogap berýändigine bolan berk ynamlylyga ýetdi. Ol özüniň mätäçliklerini Hudaýyň ençeme gezek kanagatlandyrýandygyny, öz ýollaryna Onuň ýolbaşçylyk edendigini, öwredip, özüni özgerdendigini görüpdi. Ol öz dileglerine jogaplar alypdy, çünki diri Hudaýa bil baglap, Oňa hyzmat edýärdi. Bir gezek ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň özüme beren merhemetiniň sylagy bilen Mesihiň Ýygnagyna gulluk etmelidigim hakynda men oýlandym, ýagny bu hyzmat — Hudaýyň beren wadalaryna bütinleý ynanmaklyk» (A. C. Brooks, comp., Answers to Prayer: From George Mueller’s Narratives (Chicago: Moody, n.d.), 8.). Dileg sebäpli ol ynamda ösdi. Haçanda beýlekiler şübhelenenlerinde, ol umyt etdi. Adamlar bilen gürrüň edip, olaryň işçimi ýa-da alymdygyna seretmezden, olary dileg etmeklige ruhlandyrdy, Hudaýa bil baglap, özlerine kömek etmäge başlamagyna garaşmaklaryny maslahat berýärdi. Köplenç adamlar şübhelenýärdiler we Hudaýa bil baglamaklyga gorkýardylar. Bu hakda wagyzçy şeýle diýýärdi: «Adamlaryň Hudaýy edil diri Hudaý hökmünde kabul etmändikleri aýdyňdy. Bu meni köplenç alada goýýardy we Özüne bil baglaýanlary Hudaýyň biziň günlerimizde hem taşlamaýandygyny Onuň perzenlerine görkezip bilen ýaly bir zatlary etmek isleýärdim» (Idid.). Bu adam äpet taslamanyň amala aşmaklygy üçin dileg edip başlady. Bu taslama Hudaýyň diridigini we Onuň dileglere jogap berýändigini ähli mesihilere we mesihi dällere görnüp duran ýatlama bolmalydy. Bu taslamany amala aşyrary ýaly bu wagyzçyda ne puly bardy, ne-de başga serişdesi. Ol edermen karary kabul etdi — bu taslamanyň ýerine ýetmekligi bilen bagly bolan mätäçlikler hakynda Hudaýdan başga hiç kime-de aýtmazlyk, Hudaýdan başga hiç kimden hiç zat soramazlyk. Hudaý hem hemişe onuň dileglerine jogap berýärdi we onuň niýetini amala aşyrmaga kömek edýärdi. Jorj Mýulleriň dilegleri arkaly Hudaýyň amala aşyranlary ol hakda okap we eşiden müňlerçe adamlary Hudaýa bil baglamaklyga ruhlandyrdy. Biziň çagalarymyzyň ynamlary hem güýçli bolup bilýändir. Elmydam edilýän dilegler olaryň ynamda berkemeklerine kömek edýändir we olar diri Hudaýy, Onuň ýolbaşçylygyny görerler. Bu jemleýji bölümde biz size öz çagalaryňyzy günde dileg etmeklige öwredip bilmegiňize kömek ederis. Bu ýerde amaly maslahatlar berilýändir we bu meseläni çözüp bilmegiňize kömek edip bilýän ýumuşlar teklip edilendir. Her bir ýagdaý we her bir çaga täsindir, şonuň üçin hem diňe Hudaý hut size gerek bolan jogaby berip bilýändir. Indiki baplar çagalaryňyzyň ynamda ösmeklerine we öz aragatnaşyklarynyň, şeýle-de, Hudaý bilen gatnaşyklarynyň berkemegine siziň nädip kömek edip biljekdigiňiz hakynda gürrüň berer. 10-njy bap. Dilegde kämilleşip Dileg Hudaýy üýtgedýän däldir, emma dileg edýäniň özüni üýtgedýändir. Sýoren Kýerkegor Biziň dünýämiz çylşyrymlydyr, onda ýönekeý çözgütler üçin orun ýokdur. Ine, näme üçin dürli ýagdaýlardan çykmaklygyň dürli usullary hakynda kän jedel edýärler. Amerikan raýatlary, sysatlary we ykdysadyýetçileri býujetiň deňagramly bolup bilermi diýen soragynda hiç ylalaşyga gelip bilmeýärler we eger ol deňagramly bolup bilýän bolsa, onda oňa nädip ýetmeli. Kanadalylar bolsa ýaşaýjylarynyň aglaba böleginiň frank dilinde gepleýän Kwebeke garaşsyzlygy bermelimi ýa-da ýokdugy hakynda jedel edýärler. Işleýän ata-eneleriň öz çagalary bilen wagtlarynyň gaty ujypsyzja bölegini geçirip, olaryň öz çagalaryna çendanaşa ünsli bolmaklary bilen onuň öwezini dolduryp bilermikäler ýa-da ýok diýip, sosiologlar jedel edýärler: käbirleri «hawa», emma köpleri «ýok» diýýärler. Haçanda biz çagalarymyza dileg etmekligi öwredenimizde, biz olara bir manyly jogaplary bermeklikden seresap bolmalydyrys. Her bir aýratyn çaga terbiýe bermeklik we ony dileg etmeklige öwretmeklik ýagdaýy aýratyndyr. Şonuň üçin hem her bir ýagdaý öz çözgütlerini talap edýändir we olaryň baryny şu kitabyň sahypalarynda ýerleşdirmäge biziň ýagdaýymyz ýokdur. Emma aşakda getirilen pikirleri ýurtlaryň prezidentlerinden, alymlardan, psihologlardan ýa-da taglymatçylardan däl-de, dileg edip, bu kyn meseläni çözmekleri üçin özlerine Hudaýyň akyldarlyk we güýç berjekdigine ynanýan adaty ata-enelerden eşidendigimiz bilen rahatlanarys. Şeýlelikde, şu jemleýji bölümde biz iň esasy soraglara seredip geçeris we siziň bil baglap biljek täsin maglumatnamany teklip ederis. Ýöne ata-eneler hökmünde siz Hudaýdan bütinleý baglylykda bolýansyňyz we ilki bilen Ondan akyldarlyk we kömek dilemelisiňiz. Çaga bir zatlar edip bilmeklik ukybyny diňe ýuwaş-ýuwaşdan ösdürip bilýändir. Öwretmeklik usullaryna degişli bolan ýene-de bir duýduryş: ýadyňyzda saklaň — çagalary öňe itmekligiň geregi ýokdur. Her bir çaga aýratyndyr, ol Hudaý bilen öz gatnaşyklaryny gurmaklyk üçin ýaradylandyr we bu gatnaşyklar öwretmeklik ýagdaýynyň özünden has-da wajypdyr. Eger-de siz şu bölümde teklup edilen maslahatlaryň birinden peýdalansaňyz, emma ol size kömek etmese, onda ýöne dileg ediň we başga çözgüt hakynda oýlanyň. Ýöne terbiýelemeklik ýagdaýyny hiç haçan hem saklamaň! Ýadyňyzda saklaň, Hudaý hemişe-de size kömek etmäge taýyndyr. Dileg edip bilmeklik ukybyny nädip ösdürmeli Çaga bir zatlar edip bilmeklik ukybyny diňe ýuwaş-ýuwaşdan ösdürip bilýändir. Entek çagalar kiçi bolanlarynda, biz olary iň ýönekeý zatlara öwredip başlaýandyrys we uly durmuşa olar oňat taýýarlanan ýagdaýda girip, özlerini ulanyp bilerler diýip umyt edýändiris. Dileg etmeklige öwretmeklik ýagdaýy hem edil şeýledir. Ilki bilen biz çagalarymyza ýönekeý zatlary öwredýändiris — olara gysgaça dileg etmekligi öwredýändiris — onsoň biz olaryň ruhy taýdan ösüp, tä ata-ene öýüni taşlanlamaga taýýarlanýan pursatlaryna çenli dileg durmuşlarynda ýetişmeklerine kömek edýändiris. Ahyrky maksada ymtylmaklyk bilen, özümiziň ýoldan çykmazlygymyz üçin, biz öz öňümizde aralykdaky maksatlary goýmalydyrys. Bir maksatdan beýleki maksada çegmekligi çagalarymyzyň geçýän ruhy ösüşleriniň basgançaklary diýip atlandyryp bolar. Elbetde, bir basgançakdan beýlekisine geçmeklik ösüşiň tizligine ýolbaşçykyk etmeli däldir. Ýogsa-da, ruhy ösüş bir basgançakdan beýlekisine geçmeklige ýolbaşçylyk etmelidir, çünki dileg etmeklige öwretmeklik ýagdaýy her bir çaga üçin aýratyndyr we ony tizleşdirip bolýan däldir. Şamuwel we Isa Ruhy ösüşiň tebigy ösüşini biz Mukaddes Kitapda gürrüňi edilýän beýik adamlaryň biri, pygamber, Hudaýyň dogrulygyny edermenlik bilen yglan eden we Onuň ähli tabşyryklaryny doly berjaý eden Şamuweliň durmuşynda görüp bilýändiris. Çaga wagtynda hem ol täsindi. Şamuwel oglan — Mukaddes Kitapda gürrüňi edilýän çagalaryň azajygynyň biridir. Çagalygy hakynda käbir düşünjelere biziň eýe bolan çagamyz — bu Isadyr. Bu iki oglanlaryň çagalyk ýyllaryny deňeşdirmeklik gyzykly bolar. 1. Şamuweliň dogulmazyndan ozal ony Hudaýyň Özi üçin Onuň terbiýeläri ýaly, Hanna oglany Hudaýa bagyş edýär. Isa dogulmazyndan ozal öz dünýämizde özümiz üçin ulaldarymyz ýaly, Hudaý Ony bize berdi. 2. Haçanda Şamuwel doglanynda, onuň ejesi Hudaýa öwgi aýdýar. Haçanda Merýem göwreli bolanynda, ol Hannanyň aýdymyna meňzeş bolan öwgi aýdymyny aýdýar. Hatda Merýem onuň aýdymyndan käbir setirleri alypdyr. 3. Oglanlaryň ikisi-de Hudaýdan akyldarlyk alyp, Onuň alnynda merhemete eýe boldular. 1 Şamuwel 2:26 we Luka 2:52 deňeşdir. 4. Oglanlaryň ikileri-de entek çagalygynda özleriniň dileg durmuşlarynda özgeriş pursadyny başlaryndan geçirdiler. Haçanda Şamuwel on iki ýaşlarynda bolanynda, onuň bilen ybadathanada Hudaý gürleşdi. Bu onuň Hudaý bilen gatnaşyklaryndaky özgeriş pursady boldy. Haçanda Isanyň on iki ýaşy dolanynda, Onuň ybadathanadaky üç gün bolmaklygy Hudaý bilen gatnaşyklarynyň özgeriş pursady boldy. Ahyrynda ata-enesi Isany tapanlarynda, Ol Merýemiň soragyna şeýle jogap beripdi: «…Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» (Luka 2:49; kursiw meniňki. — R. O.). Isanyň öňküleri ýaly öz ata-enesine gulak asyjy bolup galandygyna seretmezden, Ony terbiýelemekdäki esasy rol Hudaýa geçipdi. Hudaýyň Ybraýyma beren Öz wadasyny ýerine ýetirmekligi üçin, Hudaýyň Ogluny terbiýelemekde Merýem nähilidir bir nusga mätäç bolan bolsa gerek. Onuň üçin şeýle nusga Şamuweldi. Ol biziň üçin hem nusga bolup biler. Şamuweliň ösüşiniň tapgyrlary Şamuweliň çagalygyna Mukaddes Kitapda alty sany gürrüň bagyş edilen. Olaryň her biri onuň fiziki we ruhy taýdan ösüşiniň dürli tapgyrlaryna laýyk gelýändir. Bu alty tapgyrlar biziň çagalarymyzyň doglan gününden başlap, tä olaryň ruhy taýdan ýetişmeklik döwürlerine çenli olary terbiýelemekde mysal bolup hyzmat edip bilýändir. Biziň çagalarymyz hem edil Şamuwel ýaly ýuwaş-ýuwaşdan ösýärler, şonuň üçin hem olara dileg etmekligi öwretmeklik ýagdaýy olaryň ösüşleriniň tapgyrlaryna laýyk gelmelidir. Emma ilki bilen biz Hannanyň mysalyna eýerip, çagalarymyzy Hudaýyň eline tabşyrmalydyrys. Biz olar üçin beýle çözgüdi kabul edip bilýän däldiris, ýöne olary Hudaýa bagyşlamaklyk bilen biz özümiz üçin karar kabul edýändiris. Şeýle bagyş etmeklik (islendik ýaşda) — ýöne bir dileg okamaklyk däldir. Bu şuny aňladýandyr: öz çagalarymyzy terbiýeläp, olara Hudaýyň yzyna eýermekligi öwretmeklik üçin biz elimizden gelenini etmeklik borjuny öz üstümize alýandyrys. Bu olara durmuşlarynyň merkezinde Isanyň bolary ýaly durmuşy alyp barmaklygy (Hudaýyň kömegi bilen) öwretmekligi we olara Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklyga kömek etmekligi aňladýandyr. 1. Alada we iýmitlendirmeklik (1 Şamuwel 1:10-23 seret) Hanna Şamuweli üç ýaşyna çenli emdirdi we şu döwrüň içinde ol hakda aýratyn mähribanlyk bilen alada etdi. Şol wagtlarda Ýakyn Gündogarda aýallar çagalaryny üç ýaşa çenli we ondan hem artyk emdirýärdiler. (Şeýle uzak wagtlap emdirmekligiň sebäbi beýleki dürli süýtleriň şeýle yssy howada çalt bozulmaklygynda jemlenendir). Ilkinji üç ýylyň içinde çaga hakda aýratyn mähir bilen adala ediň. Durmuşyny Hudaýyň eline tabşyryp, ony taşlamaň. Eger-de Hannanyň mysalyna eýersek, onda çaganyň ilkinji üç ýylynda ony läliksiretmeli. Çaganyň durmuşyny Hudaýa bagyşlap, ony ýeke galdyrmaly däl. Ol hakda alada ediň, iýmitlendiriň we geýdiriň. Çaganyň göwrede peýda bolanyny bileniňizden we hiç bolmanda onuň üç ýaşy dolmanka, ol hakda gysga we ýönekeý dileg ediň, goý, çagaňyz özüni Hudaýyň söýýändigini we özi hakda Onuň alada edýändigini bilsin. Wagtly-wagtynda ony Mukaddes Kitabyň ýönekeý hakykatlary bilen tanyşdyryň, ýagny oňa «hilesiz süýdi» beriň (1 Petrus 2:2 seret). Bu hakykatlar şeýledir: 1). Hudaý seni söýýär; 2). bar zady Hudaý ýaratdy; 3). Hudaý biz hakda alada edýär we 4). dileg — bu Hudaý bilen bolan gürrüňdeşlikdir. Oýlanyň Bu dört hakykaty öz çagalaryňyza (olaryň näçe ýaşynda bolýandygyna seretmezden) nädip düşündirip biljekdigiňiz hakynda oýlanyň. Nädip siz olara Hudaýyň söýgüsini görkezip bilersiňiz ýa-da ol hakda ýatlap bilersiňiz? Hudaýyň güýji we öz durmuşlaryna Onuň gatnaşýandygy hakynda nädip çagalaryňyza ýatladyp bilersiňiz? Özleri bilen Onuň gürleşmek isleýändigi hakynda? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Hudaý bilen tanyşlyk (1 Şamuwel 1:24-28 seret) Şamuweli süýtden aýranyndan soň, onuň ybadathanada ýaşamaklygy üçin Hanna ony ol ýere äkitdi: Şoňa görä, men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun. 1 Şamuwel 1:28 Hannanyň kararyna düýpgöter diýip bolýandyr, ýöne onuň öz ogluny Hudaýa berendiginde esasy zat jemlenendir. Dört ýaşdan alty ýaşy öz içine alýan ikinji tapgyrda biz çagalarymyza Hudaýyň parzlaryny öwretmelidiris we özlerini Hudaýa bagyş etmäge kömek etmelidiris. Bu tapgyryň başynda ukudan öň ýa-da islendik başga wagt, haçanda çagalarda isleg döräninde, biz olar bilen bile dileg etmelidiris (muny biz olaryň özleri hakynda dileg edýändigimizi bilerleri ýaly etmelidiris) ýa-da, goý, olar siziň yzyňyzdan ýönekeýje dilegi gaýtalasynlar. Bu tapgyryň ahyrynda olar sadaja sözler bilen dileg etmegi başarmalydyrlar. Çagaňyz bilen dilegiň bir görnüşinden beýlekisine geçmeklige howlukmaň. Onuň uly zatlara öwrenmek isleginiň bardygyna göz ýetiriň we şonda ony öwrenmekligiň indiki başgançagyna geçiriň. Mysal üçin, haçanda çagaňyz üçin dilegi diňe diňlemekligiň däl-de, eýsem siziň yzyňyzdan gaýtalamaklyk wagtynyň geleninde ýa-da bireýýäm gaýtalamaklygyň däl-de, özüniň dileg etmeklik wagtynyň geleninde, birnäçe agşamyň içinde dilegiň dürli görnüşlerini nobatma-nobat ulanmaklyga çalşyň. Dileg edip başlamazyňyzdan ozal çagaňyzdan onuň Hudaý bilen näme hakda gepleşmek isleýändigi hakynda soraň. Dilegde näme aýtmak isleýändigi hakynda soraň we Hudaý bilen näme hakda gürrüň edip biljekdigini aýdyň: ol Onuň bilen özüni hut şu wagt gyzyklandyrýan wakalar ýa-da zatlar hakynda, käbir ýagdaýlar hakynda, öz mätäçlikleri ýa-da islegleri hakynda, dilege mätäç bolan dostlary ýa-da garyndaşlary hakynda gürrüň edip biler. Şeýle-de, ol şu günüň dowamynda bolup geçen ähli oňat wakalar üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip biler. Bu çaga näme hakda we nädip dileg etmelidigine düşünmäge kömek eder, emma ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip, Oňa bil baglamaklyga öwretmeklik has-da wajypdyr. Bu tapgyrda çaganyň bilmeli bolan iň esasy zady — bu Hudaý bilen dileg siziň durmuşyňyzda haýsy orny eýeleýär, dilegiň maksady näme. Bütin günüň dowamynda dileg etmelidigine, Hudaýyň bize Özüni tanamaklyga, Onuň kömegini we aladasyny kabul etmeklige rugsat berýändigine çaga düşünmelidir. Şu tapgyrda çagalar şu bäş hakykaty özleşdirmelidirler: 1. Hudaý biziň dileglerimizi eşidýär. 2. Hudaý biziň Dostumyz bolmak isleýär. 3. Özümiziň günde näme hakda alada edýändigimiz we nämä mätäçdigimiz hakynda Özüne gürrüň bermegimizi Hudaý isleýär. 4. Dileg gaty uly mana eýe. 5. Beýleki adamlar üçin hem biziň dileg etmegimizi Hudaý isleýär. Haçanda çagalaryňyzy şu hakykatlara öwredeniňizde, olar bilen mähirli we özüňizi diňlemekligiň gyzykly bolary ýaly edip gürrüňleşmäge synanyşyň. Emma gysga boluň. Olary aladalandyrýan zat hakynda dileg ediň. Çynlakaý soraglara olaryň ünslerini çekiň, emma muny mejbury ýagdaýda etmäň. Eger-de çagaňyz dileg wagtynda hysyrdaýan bolsa, gözüni açyp, ünsüni başga ýere sowýan bolsa, onda onuň ünsüni jemlemelidigini haýyş ediň. Ol oýun etmän, çyklakaý bolmalydyr. 3. Hudaýyň aladasy (1 Şamuwel 2:18-21 seret) Şamuweliň çagalygy hakynda gürrüň berýän şu bölekde biz onuň ähli gerek zat bilen üpjün edilendigi hakynda bilip bilýäris, çünki ejesi tikin tikip, ybadathanada gulluk üçin her ýyl geýim getirýärdi. Ruhanylaryň işläp, girdejä eýe bolarlary ýaly öz mellekleri ýokdy. Olaryň ykballary Hudaýa gulluk etmeklikdi. Ýöne öňki baplarda Eliýiň nejis ogullary hakynda gürrüň berilýär. Hudaýa bil baglamaklygyň deregine, olar Hudaýyň parzlaryny bozup we Onuň halkyny ogurlap, özleri üçin iýmit gazanýardylar. Şu bölegiň ahyrynda: «Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy» diýilýär (1 Şamuwel 2:21). Özi hakda Hudaýyň alada edýändigini Şamuwel bilýärdi. Eger-de ynamda ösüp, Hudaýyň parzlaryna eýerýän bolsa, onda özi hakda Hudaýyň alada edip, mätäçliklerini kanagatlandyryp, dileglerine jogap berjekdigini çagaňyz bilmelidir. Hudaýyň bizi ilkinji bolup söýenligi üçin biziň hem Ony söýýändigimiz hakynda Mukaddes Kitapda aýdylýandyr. Üçünji tapgyrda, ýagny ýedi ýaşdan dokuz ýaş aralygynda, çagalar özlerini Hudaýyň göýüp, özleri hakda Onuň alada edýändigini görmelidirler. Hut şu wagt olar Hudaýyň öz dilegleriňize jogap berşi hakyndaky gürrüňlere gulak asyp, özleriniň hususy gürrüňlerini ýygnap başlamalydyrlar. Olar anyk jogap we kömek alyp bilmekleri üçin Hudaýdan anyk zatlar hakynda soramalydyrlar. Bu tapgyrda çaga özbaşdak dileg edýär, emma siziň ýolbaşçylygyňyzdan ugur alyp, goldawyňyza we kömegiňize daýanmalydyr. Ol öz isleglerini we mätäçliklerini oýlamalydyr, Hudaýyň özüne kömek edip, özi hakda alada etmegi hakynda soramaklyga öwrenmelidir. Haçanda siz çagalaryňyzyň dileg etmeklerine kömek etmek isläniňizde, bu iki maslahat siziň üçin peýdaly bolar. Birinji: adaty bolmadyk ýagdaýda dileg etmekligi çagalaryňyza teklip edip görüň. Gürrüň ping-pong oýny görnüşinde düzülen dileg hakynda gidýändir. Çagaňyzyň özi öz mätäçlikleri hakynda dileg edýär, onsoň siz ol hakda dileg edýärsiňiz, soň ýene ol dileg edýär we ş.m. Ýedi ýaşdan dokuz ýaş aralygynda, çagalar özlerini Hudaýyň göýüp, özleri hakda Onuň alada edýändigini görmelidirler. Ikinji: näme hakda dileg etmelidigini oňatja maslahatlaşyň. Oturyň we günüň dowamynda çagaňyz bilen bolup geçenler hakynda gürrüňleşiň. Onuň näme hakda alada edýändigi, nämäniň ony howsala salýandygy, näme isleýändigi, näme gerekdigi hakynda biliň. Şeýtseňiz, siz Hudaýa gürrüň berjek zatlaryňyzyň baryny jemläp bilersiňiz. Onsoň dileg ediň. Hut şu tapgyrda siz çagalaryňyzy Hudaýa bil baglamaklyga öwretmelisiňiz. Munuň üçin çagalarymyzy Hudaýyň söýýändigine, özleri hakda Onuň alada etmäge taýyndygyna ynandyrmalydyrys, Hudaý hakda olara gürrüň bermelidiris. Bu ýerde size Mukaddes Kitapdan alnan aýatlar kömek edip biler we olary çagalaryňyz bilen her agşam okap bilersiňiz. (Mysal üçin, Mezmur 37:25; Işaýa 26:3; Ýahýa 16:24). Şeýle-de, çagalaryňyzyň eden dileglerine Hudaýyň beren jogaplaryna olaryň düşünmeklerine kömek ediň we eşidilen dilegler hakynda gürrüňleri ýygnamaga olara kömek ediň, bu olaryň ynamlaryny berkider. 4. Şahsyýetiň ösüşi (1 Şamuwel 2:22-26 seret) Şamuweliň birinji kitabynyň 2-nji babynda biz Eliýiň öz ogullary bilen bolan gapma-garşylyk hakynda okap bilýäris. Munuň sebäbi Eliýiň ogullarynyň özlerini alyp baryşlary we olar hakdaky erbet gürrüňler bolupdy. Olar öz kakalaryna gulak asmadylar. Şamuwel hakynda bolsa, tersine, oňat şaýatlyk edilýär: «Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi» (1 Şamuwel 2:26). Dördünji tapgyrda (bu 10-11 ýaşlar töweregi) biziň çagalarymyz dileg etmeklige we özlerini Hudaýyň erkine boýun egdirmeklige öwrenmelidirler. Olar özlerine Hudaýyň akyldarlyk bermek isleýändigini, özlerine ýolbaşçylyk edip, özlerini ulanyp bilmeklerine kömek etmek isleýändigini bilmelidirler. Bu tapgyrda çagalar özleriniň ruhy ösüşleri hakynda dileg etmeklige öwrenmelidirler. Bu ýaşda olar özlerini alyp barmaklyk hakynda Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini, özlerinden Hudaýyň nämä garaşýandygyny bilmelidirler. 10-11 ýaşlarynda çagalar özlerini alyp barmaklyk hakynda Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini, özlerinden Hudaýyň nämä garaşýandygyny bilmelidirler. Bu tapgyrda çagalar özbaşdak dileg etmäge ymtylýandyrlar. Wajyp bolan pursatlarda kömek edip we hemişe dileg etmeklige höweslendirip bilmegiňiz üçin, siz öňküleriňiz ýaly olaryň ýanlarynda bolmalysyňyz. Emma muny hemişe etmäň, diňe käwagtlar ediň we dürli-dürlüligi girizmeklik üçin, gerek bolanynda kömek edip bileriňiz ýaly, diňe ilkibaşda olar bilen boluň. Bu tapgyrda öňküleri ýaly çagaňyzyň düşeginiň ýanynda oturyp, onuň bilen dileg hakynda gürrüň etmek wajypdyr. Oňa özüňiziň dileg durmuşyňyz hakynda gürrüň beriň; özüňiziň ösüşiňiz, nämä öwrenip, näme öwrenmegiňizi dowam etdirýändigiňiz hakynda gürrüň beriň; onuň durmuşynda şu wagt näme bolup geçýändigi hakynda soraň. Näme hakynda we nädip dileg etmelidigi hakynda oňa aýdyp bilersiňiz. Haçanda çagaňyz özbaşdak dileg edip başlanynda, belki-de, ol öz ýanynda siziň oturmagyňyzy we özüniň edýän dilegini eşitmegiňizi isleýändir. Belki-de, ol ilki bilen adaty dilegi edip, onsoň bir zatlar hakynda öz içinden dileg etmek isleýändir. Gaty oňat. Çaga hiç kime gürrüň bermek islemeýän zatlary hakynda Hudaýa gürrüň berip, Onuň bilen gatnaşyk etmäge öwrenýändir. Ahyrynda özbaşdak dileg edip bilmegi üçin çagaňyz özüni ýeke galdyrmagyňyzy islär. Bu tapgyrda çagaňyza özüniň ösüşini görmäge kömek ediň. Oňa: «Iň oňady öz gylygyňyň (ýalňyşlygyňyň) düzedilmegi hakynda dileg etseň bolardy» diýip, hiç haçan tankytlamaň. Ony dostlukly ruhlandyryň, onuň gylygynda görýän oňat zadyňyz hakynda aýdyň we onuň ynamda ösüşi üçin magtaň. Ukudan öň özbaşdak dileg etmekligi üçin çagany kowmaklygyň geregi ýokdur. Bu tapgyrda ukudan öňki dileg siziň öz çagaňyz bilen gürrüňdeşligiň iň ajaýyp wagtydyr. Bilelikde dileg etmekligi äsgermezlik gaýgyly netijelere getirip bilýändir. Oýlanyň Eger çagaňyzy ruhlandyrmak isleýän bolsaňyz, onda oňa näme diýip biljekdigiňizi ýazyň. Onuň durmuşynyň haýsy taraplarynda ösýändigini görýärsiňiz? Bu hakda oňa aýdyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 5. Gürrüňdeşlik, baştutanlyk we gulak asmaklyk (1 Şamuwel 2:27-3:18) Bu bölekde biz ybadathanada özlerini alyp baryşlary üçin Eliýiň ogullarynyň üstünden Hudaýyň hökümini yglan edýän adam hakynda okap bilýäris. Bu höküm Eliýiň üstünden yglan edilipdi, çünki ol öz ogullaryny tertibe salmak üçin hiç zat etmändi. Bar gürrüň şunda jemlenendi: Eliýiň ogullary Hudaýyň ýanynda bolup, Ony tanamaklyk mümkinçiligini äsgermezlik edipdiler. Olar Hudaýyň parzlaryny we onuň baştutanlygyny äsgermezlik edipdiler, Onuň kanunlaryny ýerine ýetirmän, hemişe ýaman işleri edip, Onuň erkine garşy çykypdylar. Soňra Şamuweliň ösüşi hakyndaky şaýatlyk beýan edilýär (1 Şamuwel 3:1-18). Bu bölekde Şamuwel oglanjygyň nädip Hudaýyň sesini eşidendigi hakynda gürrüň berilýär. Ol üç gezek Hudaýyň sesini eşidýär we Eliý çagyrýandyr diýip pikirlenýär, näme üçin çagyrandygyny biljek bolup, pygamberiň ýanyna ylgaýar. Üçünji gezek Eliý oglany Kimiň çagyrýandygyna düşünýär we eger ýene-de şol sesi eşitse, onda: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap bermegi Şamuwele aýdýar (1 Şamuwel 3:9). Şamuwel hut şeýle-de etdi we Hudaý oňa Eliý bilen onuň ogullaryna nämäniň garaşýandygyny aýdýar. Adatdakysy ýaly, Şamuwel daňdan öz borçnamalaryny ýerine ýetirdi. Haçanda Eliý Hudaýyň näme diýendigi hakynda gürrüň bermegini soranynda, gorkýandygyna seretmezden, oglan oňa bar zat hakynda gürrüň berýär. Garşydaşlyk gaty aýdyň. Eliýiň ogullaryndan tapawutlylykda, Şamuwel özüniň Hudaýy tanap bilmeklik mümkinçiligini we Onuň barlygynda bolmaklygyny gymmat görýärdi. Ol öz durmuşyny Hudaýyň erkine boýun egdirmek isleýärdi we Hudaýa gulak asyjydy. Şamuweliň çagalygy hakyndaky gürrüň şeýle sözler bilen gutarýar (bu sözler ony we onuň bilen bizi-de altynjy tapgyr bolan ruhy taýdan ýetişmeklige eltýändir): Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi. Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi. Şiloda Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi. Şamuweliň sözi tutuş Ysraýyla ýetdi. 1 Şamuwel 3:19-4:1 Haçanda biziň çagalarymyz ýetginjek ýaşlaryna ýetenlerinde, olar özlerine şu aşakdakylaryň hökmandygyny bilmelidirler: 1. Hudaýy agtarmaklyk, Onuň Özüni we Öz Sözüni tanamaklyga öwretmegini soramaklyk, Onuň bilen gürrüňdeş bolmaklyga öwrenmeklik. 2. Öz durmuşlaryny Hudaýa tabşyrmaklyk, Onuň akyldarlygyny we baştutanlygyny dilemeklik (ahyrky maksada ýetmeklikde we has wajyp bolmadyk kynçylyklaryň-da çözülmeginde). 3. Ähli zatda Hudaýyň Özüne boýun bolup, Onuň yzyna eýermeklige ukyply bolup bilmekleri hakynda dileg etmeklik. Elmydam, ýagny bütin günüň dowamynda dileg etmekligiň wajypdygyny ähli tapgyrlarda bellemeklik hökmanydyr, ýöne bäşinji tapgyrda çagalary şeýle dilege öwretmeklik ata-eneler üçin iň esasy mesele bolup durýandyr. Eger-de siziň ýetginjekleriňiz özleri bilen günüň dowamynda bolup geçýän zatlar hakynda Hudaýa dessine gürrüň bermeklige öwredilen bolmasalar, onda agşamky dileg we umuman dilegiň özi olar üçin öz gymmatyny ýitirýändir. Eger siz bütin günüň dowamynda Hudaý hakda ýekeje gezek-de ýatlamadyk bolsaňyz, onda agşamky dileg wagtynda Oňa çyn ýürekden ýüzlenmeklik mümkin däldir. Biziň durmuşymyzyň esasy Hudaý bilen gürrüňdeşlik bolmalydyr, onda ähli zat gurnalýandyr we ondan ähli zat öz gözbaşyny alýandyr. Şonuň üçin hem ukudan öňki wagt mundan beýläk özüňiz we çagalaryňyz üçin «türgenleşik meýdany» bolmagyny bes etdirýändir. Siz öz çagalaryňyza ýolbaşçylyk edýärsiňiz we olara her gün, her bir minutda, ýagny olaryň bütin durmuşlarynda kömek edýänsiňiz. 6. Ruhy taýdan ýetişmeklik (1 Şamuwel 3:20-21 seret) Şamuweliň durmuşy hakyndaky bu iň soňky şaýatlyk onuň fiziki we ruhy taýdan ýetişen döwrüne degişlidir. Şamuwel indi diňe Eliý we ata-enesi bilen gatnaşyk eden ybadathanada ýaşamaýardy. Ol ysraýyllaryň arasynda ýaşaýardy. «Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bolan bütin Ysraýyl bildi. Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi. Şamuweliň sözi tutuş Ysraýyla ýetdi» (1 Şamuwel 3:20-4:1). Bu jemleýji tapgyrda biziň çagalarymyz ruhy taýdan ýetişmeklige ýetýändirler, ýagny olar Hudaýyň erkini ýerine ýetirýändirler, Onuň sesine gulak asýandyrlar we olaryň durmuşlary manydan dolýandyr. Haçanda çagalaryňyz kynçylyklara duçar bolanlarynda, olara kömek ediň, olary ruhlandyrmaga ukyply bolan sözleriňiz bilen goldaw beriň. Bu mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň (öňler hem edişiňiz ýaly), haýsydyr bir dilegiňize Hudaýyň beren jogaby hakynda gürrüň beriň, olaryň ünslerini Hudaýa gönükdiriň, olara öz kömegiňizi teklip ediň we olar bilen bilelikde dileg ediň. Eger çagalar dileg etmeklige öwrenmekligiň birinji tapgyryndan geçen bolsalar, onda bäşinji we altynjysyndan hem geçmeklige taýyn bolarlar. Olar Hudaýyň özlerini söýýändigini we özleri üçin Onuň diňe ýagşylygy isleýändigini, özlerini Onuň ýaradandygyny we şu wagt-da özlerine baştutanlyk edýändigini, özleri hakda alada edip, her bir dileglerine jogap berýändigini bilerler. Olarda üýtgemeklige, öwrenmeklige we Mesihde ösmeklige ynamlylyk dörär, Hudaý tarapyndan özlerine berlen başarjaňlyklaryň baryny ulanarlar. Sada edip aýdanymyzda, eger biz öz çagalarymyzy ýuwaş-ýuwaşdan dileg etmeklige öwreden bolsak, onda olar jemleýji tapgyr bolan ruhy taýdan ýetişmeklige doly taýyndyrlar. Belki-de, okyjylaryň köplerinde ruhy ösüşiň öz ýaşlaryna laýyk gelmeýän basgançagynda duran çagalary bardyr. Hiç bir elhenç zat ýokdur. Ýaş hiç hili mana eýe däldir. Mysal üçin, men özümiň ruhy taýdan ösmekligim hakynda oýlanyp, ruhy taýdan ösmekligimiň bireýýäm ýaşlygymda geçen basgançagyny ýadyma salýaryn: 1. Hudaýyň özümi söýýändigini bildim. 2. Dileg etmelidigini bildim we dileg etmeklige öwrenip başladym. 3. Hudaýyň söýgüsini kabul etmeklige öwrendim, Hudaýyň öz dileglerime jogap berip, ähli mätäçliklerimi kanagatlandyrýandygyny bildim. 4. Özümiň Hudaýyň Özüne meňzeş bolmagymy isleýändigini we meniň üýtgäp, ruhy taýdan ösmegime kömek etjekdigini bildim. 5. Men Hudaý bilen gatnaşyklarymy ösdürip başladym. Hudaýyň niýetiniň bardyny bildim we Onuň ýüzüni agtaryp başladym. 6. Onuň Sözüne we baştutanlygyna gulak asyjy bolmaklyga öwrendim. Çagalara dileg etmekligi öwretmeklik ýagdaýy Hudaýyň söýgüsi bilen tanyşlykdan başlaýandyr, soňabaka olar Hudaýy diňlemeklige we Onuň bilen gürrüňdeş bolmaklyga öwrenýändirler, onsoň Onuň erkini ýerine ýetirmäge başlaýandyrlar. Çagaňyzyň ýaşynyň näçe bolýandygyna seretmezden, oňa dileg etmekligi öwretmekligi Hudaýyň söýgüsi hakynda gürrüň bermeklikden başlap, öňe hereket ediň. Uly ýaşly çagalaryň çalt ösmekleri mümkindir. Emma olaryň haýsy tapgyrdadyklaryny yzarlamaklygy we Hudaýyň olara ýolbaşçylyk edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Çagalaryňyzyň ruhy ösüşleriniň olaryň fiziki taýdan ösüşlerine laýyk geleri ýaly, olary öňe itip bilýän dälsiňiz. Siz olaryň Hudaýy tanamaklykda nähili ösýändiklerine syn edip, basgançakdan basgançaga geçirmelisiňiz. Çagaňyzyň ýaşynyň näçe bolýandygyna seretmezden, oňa dileg etmekligi öwretmekligi Hudaýyň söýgüsi hakynda gürrüň bermeklikden başlap, öňe hereket ediň. Eger siz haçanda çagalaryňyzyň çagalykdan ýetginjeklige geçme döwründe olara dileg etmekligi öwretmäge başlaýan bolsaňyz, onda siz çagalaryňyz bilen bilelikde dileg etmeklik hakynda şu kitapda getirilen görkezmelere eýermeklige puşman etmeseňiz gerek. Mysal üçin, siziň on dört ýaşly ogluňyz ýa-da gyzyňyz üçin pingpong oýny boýunça gurnalan dileg pikiri ýaramady diýeliň. Belki olar siziň bilen dileg etmekligi ýa-da siziň dilegiňizi eşitmekligi, ýa-da ýöne siziň bilen oturyp, bilelikde gürrüň etmekligi isleýändir. Belki-de, olaryň özleri bu kitaby okamagy islärler. Ýadyňyzda saklaň, çagalary itmeklik nädogrudyr, haçanda siz ýetginjekler bilen iş salşanyňyşda, bu aýratynam wajypdyr. Hudaý hiç kimi hem howlugdyrýan däldir. Ol söýgi bilen adamy özüne çekýändir we ol muny adamyň Özi bilen gürrüňdeşlige neneň güýçli ymtylyşy ýaly, şonça-da çalt edýändir. Siziň edip biljek iň oňat işiňiz — özüňiziň ruhy ösüşiňiziň dördünji tapgyrynda bolanyňyzdaky taryhlaryň käbirlerini ýetginjek çagaňyza gürrüň bermeklikdir. Bu onuň üçin dostlukly goldaw we ruhlanma bolup hyzmat eder. Günäniň muzdy ölümdir, emma eger siziň çagalaryňyz Şamuweliň edişi ýaly ruhy taýdan össeler, onda olar baky ýaşaýşa eýe bolarlar. Ýumuş: ruhy ösüşiň basgançaklary we dileg Bir sahypa kagyzy alyň we onuň ýokarsynda ähli çagalaryňyzyň atlaryny ýazyň. Onsoň öz pikiriňiz boýunça, her bir çagaňyzyň ruhy ösüşiň haýsy basgançagyndadygyny ýazyň. Şu basgançakda durup, olaryň her birleri dileg hakynda näme bilmeli? Hudaý hakynda? Olaryň bu bilime eýe bolmaklary üçin siz näme edip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Soraglar Siziň çagaňyz ruhy ösüşiň haýsy basgançagynda, ony haýsy basgançakda görmek islärdiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Öz çagaňyzyň ruhy ösüşiň indiki basgançagyna geçmekligine kömek etmek üçin özüňiziň näme edip bilýändigiňizi ýazyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Özüňiziň we çagalaryňyzyň her gün Hudaýa dileglerde ýakynlaşyp bilýändigi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Çagalaryňyzyň ruhy taýdan ýetişmeklerine kömek edip bilmegiňiz üçin özüňiziň näme etmelidigiňizi Hudaýyň görkezmegi hakynda dileg ediň. • Hudaýdan çagalaryňyzyň ynamlaryny artdyrmagy we olarda Özüni kän tanamaklyk islegini döretmekligi hakynda soraň. Çaganyň dilegi «Mähriban Göklerdäki Atam, men Seni oňat tanamak isleýärin. Haýyş edýärin, Sen hakda nädip kän bilip biljekdigimi maňa aýan et. Seniň bilen gürrüňdeşlikde kän wagtymy geçirmegime kömek et. Isa Mesiniň ady bilen, omyn». 11-nji bap. Hudaý bilen tanyşlyk Eger biziň durmuşymyz Hudaýyň niýeti boýunça bolmalysy ýaly bolmasa, onda munuň sebäbi biziň Hudaýyň söýgüsine, Onuň güýjüne we wadalarynyň ýerine ýetmegine bolan ynamsyzlygymyzda gizlenendir. Endrýu Mýurreý Rebbiň dileginiň iki hili düşündirilişine seredip geçeliň (Matta 6:9-13 seret). Olar Hudaýyň Kimdigine nädip dürli-dürli düşünip bolýandygyny görkezýärler. Getirilen mysal biziň edýän dileglerimizden we olardan nämä garaşýandygymyzdan özümiziň we çagalarymyzyň iş ýüzünde nähili Hudaýa ynanýandygymyz hakynda bilip bolýandygyny subut eder. «Ýagtylygyň we şatlygyň ýeri bolan, gaýgylaryň we ýamanlyklaryň bolman, diňe bagtyň höküm sürýän göklerdäki kämil we söýýän Atamyz. Goý, adyň mübärek bolsun, çünki her bir adam Seniň beýikligiňi görmelidir. Goý, Seniň Patyşalygyň, dogrulyk we bagtlylyk patyşalygy ýere insin we adamlar Seniň söýgüli halkyň bolmaklary üçin azat bolsunlar. Seniň erkiň amala aşsyn. Adamlaryň Özüňe meňzäp, bir-birlerini şertsiz söýüp, özleri üçin Seniň taýýarlanlaryndan keýplenişleri ýaly, ýerde-de adamlar kämil dünýäde ýaşap, bagtly bolsunlar. Hemişe täsin halda mätäçliklerimizi kanagatlandyryşyň ýaly, ähli gündelik mätäçliklerimizi kanagatlandyrmagyň hakynda dileg edýärin. Biziň günälerimizi we kämilsizligimizi bagyşla, çünki Sen bize ösmeklik ukybyny berýärsiň we çünki biz Seniň öz durmuşymyzda berenleriňiň baryny söýüp, olary bagyşlaýandyrys…» «Ähli zady görýän biziň Gökdäki Atamyz. Seniň adyň mukaddesdir we Seni tanamaklyk mümkin däldir. Goý, Saňa boýun bolmadyklaryň barynyň ýok edilmekligi üçin Seniň Patyşalygyň gelsin. Goý, Seniň erkiň göklerde bolşy ýaly, ýerde-de her bir adama baglanylsyn, çünki göklerde ahyrynda hemmeler kämil bolýandyrlar. Biziň açlykdan ölmezligimiz üçin, gündelik çöregimizi günde ber. (Men Seni öz dileglerim bilen alada goýmak islemeýärin). Özümiň hem bu ýigrenji günäkärleriň günälerini bagyşlaýşym ýaly, Sen hem meniň günälerimi bagyşla (meniň dowzahda bolmagyma ýol berme…) Çagalaryň biziň näme hakda gürrüň edýändigimize düşünip başlan pursatlaryndan başlap, olar Hudaý hakdaky başlangyç bilime eýe bolmalydyrlar. Biz öz çagalarymyza Hudaýyň nähilidigini we olaryň özleri üçin Onuň näme etmäge taýyndygyny görkezmelidiris. Eger-de olar özlerini Hudaýyň söýýändigine ynanmasalar ýa-da Onuň özlerine seredip, Öz umytlaryny aklarlarmyka diýip syn edýändigine ynanýan bolsalar, onda olaryň dilegleri hiç hili mana eýe bolýan däldir. Çagalar Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyga öwrenmezler we hiç hili oňat netijelere ýetip bilmezler. Olar bizden Hudaýyň ýagşydygyny we Onuň Öz erkine laýyklykda hereket edýändigini bilmelidirler. Hudaý bizi Özi bilen gürrüňdeşlik üçin ýaradandyr. Haçanda çagalarymyz Hudaýyň kimdigini we özleri üçin Onuň näme etmek isleýändigini bilenlerinde, olar üçin Onuň bilen gürleşmek we öz dileglerine jogap bereri ýaly edip dileg etmeklik kyn bolmaz. Çagalaryňyza Hudaý hakdaky şu bäş hakykatlary düşündiriň, bu olaryň ruhy taýdan ösmeklerine kömek eder. Şu bapda bu hakykatlary çagalaryňyzyň özleşdirmeklerine kömek etmegiňizde siziň peýdalanyp bilmegiňiz üçin maslahatlar getirilýändir. Şeýle-de, siziň öz çagalaryňyz bilen bile okap ýa-da ýat tutup biljek Mukaddes Kitapdan alnan aýatlar getirilýändir. 1. Hudaý — baky Ýaradyjy Çagalaryň Hudaý hakda berýän iň giňden ýaýran birnäçe soraglary: Hudaýy kim ýaratdy? Ol nireden geldi? Hudaý kime meňzeýär? Onuň dostlary barmy ýa-da Ol ýeke ýaşaýarmy? Çagalaryň biziň näme hakda gürrüň edýändigimize düşünip başlan pursatlaryndan başlap, olar Hudaý hakdaky başlangyç bilime eýe bolmalydyrlar. Ine, olaryň bilmeli hakykatlary: • Hudaý ähli görünýän we görünmeýän zatlary ýaratdy. • Diňe ýeke Hudaý bardyr. Ol Gudratygüýçlidir. Ol ähli zady bilýän we ähli ýerde bolýandyr. • Hudaýy hiç kim hem ýaratmady, Ony hiç kim hem dogmady. Hudaý wagty ýaratdy, adama döretmeklik ukybyny berdi, ähli bar zatlar üçin başlangyjy we ahyry kesgitledi. Diňe Hudaýyň biziň dünýämiziň başlangyjyny we ahyryny kesgitländigi sebäpli, biz ähli zat başlangyja we ahyryna eýe bolmalydyr diýip pikir edýäris, emma Hudaý Öz ýaradanlaryndan ýokarydyr. Maslahatlar Haçanda biz öz çagalarymyza Hudaýyň Kimdigini düşündirenimizde, aýratynam biziň aň ýetirip bilmegimiz üçin kyn bolan Onuň häsiýetlerine dogry düşünip bilmeklerine kömek etmegimiz gerekdir. Olar Hudaýyň elmydam bolandygy, Onuň bar zady bilip, ähli zady-da edip biljekdigi we şol bir wagtyň özünde hemme ýerde bolýandygy hakynda olara gürrüň berip, meňzetme ýaly serişdäni ulanyp bilýändiris. Men özümiziň Hudaýy tanamaklyk synanyşyklarymyzy iki sany kiçijik syçanyň hereketleri bilen deňeşdirmekligi halaýaryn. Olar aýnaly gutuda oturyp, gutynyň aňyrsynda dogrudanam zat barmyka diýip jedel edýärler. Gutynyň diwarlary syçanlaryň bu zatlara ýanaşmaklyga mümkinçilik bermeýär we şu sebäpli olar özleriniň görýän zatlaryny diňe surat hökmünde kabul edýärler. Olar ýeterli maglumatlara eýe däldirler we bu maglumatlar hakynda oňatja oýlanmaklyk ukybyna hem eýe däldirler. Emma bu dogrudanam daşarda hiç zadyň ýokdugyny aňladýan däldir. (Siz syçanlary öz öýüňizde ýaşaýan haýwanlar bilen çalşyp, bu deňeşdirmäni ulanyp bilersiňiz). Haçanda siz öz çagalaryňyza nädip Hudaýyň şol bir wagtyň özünde hemme ýerde bolup bilýändigini, islendik ýerde bolup geçýän zatlaryň baryny nädip bilýändigini, nädip ähli dilegleri eşidip bilýändigini düşündirmek isläniňizde, olara gutuda saklanýan syçanlary görkeziň. Hudaý tarapyndan ýaradylan her bir çaga täsin we aýratyndyr, emma şonda-da ol öz mümkinçiliklerinde çäklenendir. Hudaý adamzada şol bir wagtyň özünde hemme ýerde bolup bilmeklik ukybyny bermedi, şeýle-de, oňa beýleki çäklenmeleri-de berdi. Hudaýyň ähli zady bilýändigi we ähli ýerde bolýandygy hakynda Mukaddes Kitapda aýdylýandyr. Onuň üçin hiç bir mümkin bolmajak zat ýokdur. Haçanda Ol sizi ýaradanynda, şol bir wagtyň özünde birnäçe ýerlerde bolup bilmeklik hukugyny bermedi. Diňe özüňiziň öwredilýän zatlaryňyzy bilmekligi we diňe kesgitli borçnamalary ýerine ýetirmekligi öňünden belledi. Şonuň üçin hem özümize seredip, diňe özümiziň mümkinçiliklerimizde çäkli bolýandygymyz sebäpli, Hudaý hem Öz mümkinçiliklerinde çäklidir diýip hasaplamak samsyklykdyr. Eger adamlaryň dünýäniň dörediliş syrlaryna ýetmeklik ukyplary hakynda oýlansak, onda bizi aýnaly gutuda ýaşaýan syçanlar bilen deňeşdirip bolýandyr. Mukaddes Kitap biziň bu dünýäni taşlanymyzdan soň, Hudaýyň özümiz üçin taýýarlan zadyny göz öňüne-de getirip bilmejekdigimiz hakynda gürrüň berýär. Şol wagta çenli bolsa Ol biziň mümkinçiliklerimizi çäklendirmekligi makul bildi. Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlar Çagalaryň okap (we ýatlarynda saklap) biljek Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlary size hödürleýäris. Bu aýatlar Hudaýyň ähli ýerde bolýandygyna, ähli zady başarýandygyna we ähli zady bilýändigine olaryň düşünmeklerine kömek eder. Men Seniň Ruhuňdan niräk gideýin? Seniň huzuryňdan niräk gaçaýyn? Eger göge çyksam, Sen ol ýerdesiň; ýerimi ölüler diýarynda salsam, ine, ol ýerdesiň. Säheriň ganatlaryny alyp, deňiz aňyrsynda mesgen tutsam, ol ýerde hem Seniň eliň maňa ýol görkezer, sag eliň meni tutar. (Mezmur 139:7-10; şeýle-de, Ýeremeýa 23:23-24 seret). Ah, ýa Reb, Ýehowa! Gökleri we ýeri uly kuwwatyň we uzanan goluň bilen Sen ýaratdyň; Saňa hiç zat kyn däl. (Ýeremeýa 32:17; şeýle-de, Eýýup 42:2 we Luka 1:37 seret). Rebbimiz uludyr, Onuň kuwwaty köpdür, düşünjesiniň çägi ýokdur. (Mezmur 147:5; şeýle-de, Mezmur 44:22, Işaýa 46:10 seret). Çagalaryň Ýaradyja jogaplary Üç hakykat: 1) diňe ýeke-täk Hudaý bardyr; 2) Hudaý — ähli bar bolan zatlaryň Ýaradyjysy we Hökümdary; 3) Ol bakydyr, Onuň üçin başlangyjam ýokdur, ahyry-da ýokdur — bu Hudaý hakdaky iň sada düşünjäniň esasydyr. Biz çagalarymyzyň diňe Isa Mesih bilen gürrüňdeş bolup, Hudaý bilen tanyş bolup bilýändiklerine düşünmelidiris. Çagalar bireýýäm üç ýaşlarynda Isa Mesihi Halasgär hökmünde kabul etmeklik kararyny kabul edip bilýändirler. Ine, çagaňyzy Hudaý bilen tanyşdarmaklykda ulanmagyňyz üçin birnäçe maslahatlar. 1. Çagaňyza Isa Mesihiň durmuşy, ölümi we ölülerden direlişi hakyndaky taryhy okap beriň. Çagalar bireýýäm üç ýaşlarynda Isa Mesihi Halasgär hökmünde kabul etmeklik kararyny kabul edip bilýändirler. 2. Oňa Ýahýa 3:16-ny okap beriň, onsoň biziň hiç birimiziň hem kämil däldigimizi, käwagtlar nädogry hereketler edýändigimizi düşündiriň. «Muňa günä diýilýändir we günä biziň Hudaýyň ogullary bolmagymyza mümkinçilik berýän däldir. Günäniň jezasy — ölüm we Hudaýdan aýralyga düşmeklikdir. Emma Hudaý biziň günälerimiz üçin haçda ölmekligi üçin ýere Özüniň Ýeke-täk Ogluny iberdi. Isa biziň ornumyzy eýeledi. Şeýlelikde, eger biz Isanyň özümiň üçin ölendigi sebäpli, Hudaýdan günälerimiziň geçilmegini dilesek, Ol bizi bagyşlar. Ol bizi Öz perzentleri eder». 3. Hut şu wagt özüňi Hudaýyň bagyşlamagyny we seni Öz perzendi etmegini isleýärmiň diýip, çagaňyzdan soraň. «Hut şu wagt» diýmegiňiz bilen, eger çagaňyz toba etmeklige taýyn bolmasa, onda muny indiki gezek etmekligine hukugynyň bardygyny görkezýänsiňiz. Eger-de ol «ýok» diýse, onda bu taryhy oňa indiki gezek okap beriň. Hudaý ony Mukaddes Ruhdan doldurar. Eger siziň çagaňyz ylalaşsa, onda bu sadaja dilegi aýtsyn: «Hudaýym, men özümiň nädogry we ýaman hereket edendigimi bilýärin. Men bu hakda puşman edýän. Isanyň öz günälerim üçin ölüp, ölülerden direlendigini bilýärin. Men Onuň ähli zadyň Hökümdarydygyny bilýärin. Hudaýym, meni bagyşla. Saňa bil baglap bilmegime, gulak asyjy bolmagyma we hemişe dogry saýlaw edip bilmegime kömek et. Özümi söýýändigiň üçin we meni Öz perzendiň edendigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». Onsoň öz çagaňyz bilen şatlanyň. «Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar» (Luka 15:10). Gökler şatlanýarlar. Siz hem şatlanyň. Indi Hudaýyň perzendi bolan çagaňyzyň «ýokardan doglan gününi» belläň (Ýahýa 1:12 seret). Oýlanyň 1. Hudaýyň öz Ýaradyjysydygyny bilmekligi çaga näme üçin wajypdyr? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Bu hakykaty kabul etmekligi onuň gündelik durmuşynda nädip yz galdyrar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Hudaý bizi söýýär Has tanalýan aýat bolan Ýahýa 3:16 şeýle başlanýar: «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin… berdi». Bu hereket söýgi tarapyndan edilipdi, söýmeklik — bermekligi aňladýandyr. Söýýän Hudaýyň sahy bolmak isleýändigi hakynda resul Pawlus aýdypdy: «Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz?» (Rimliler 8:32). Haçanda biz çagalarymyza Hudaýyň söýgüdigini we özlerini Onuň söýýändigini aýdanymyzda, olaryň bu sözleriň hakyky manysyna düşünmeklerine kömek etmegimiz wajypdyr: Hudaý bize ýöne bir oňat gatnaşyk edýän däldir, ýok, Ol bize sahylyk edýändir. Ol biziň hem Özi ýaly sahy bolmagymyzy isleýändir (1 Ýahýa 3:16-18 seret). Söýmeklik — bermekligi aňladýandyr. Söýgi bolan Hudaýyň çagalarymyzyň özlerini hatda göz öňüne getirýändiklerinden hem güýçli söýýändigine düşünmelidirler, Ol hiç haçan hem ýadaman, olara kömek etmekden elini çekýän däldir. Haçanda Hudaý: «Men seni söýýärin» diýeninde, «söýgi» sözi ilki bilen hereketi aňladýandyr. Maslahatlar Çagaňyza hemişe Hudaýyň söýgüsi hakynda ýatladyň. Dilegden hem öň, hem-de soň oňa Hudaýyň ony söýýändigi hakynda aýdyň. Onsoň Hudaý Özüniň söýgüsi sebäpli çagaňyz üçin näme edýändigi hakynda gürrüň beriň (öz tassyklamalaryňyzy çagaňyzyň ýaňyja dileg edenleri bilen baglaşdyrmaga synanyşyň): «Hudaý seni söýýär, Ol seniň dilegleriňi eşidip, olara jogap berýär. Ol seniň tigir isleýändigiň hakynda bilýär». «Hudaý seni söýýär we seniň kynçylyklaryňy çözmäge kömek etmek isleýär: mysal üçin, saňa öz dostuň bilen ýaraşmaklyga kömek etmek isleýär». «Hudaý seni söýýär we Ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär». Söýginiň hereketi göz öňünde tutýandygyny çagalaryňyzyň bilmekleri üçin öýüňizdäkilere «söýgi sowgatlaryny» etmäge başlaň. Bu söýgi bilen edilen garaşylmadyk ýakymly sowgatjyklar bolup dilýändir. Öz ýakynlaryňyza haçan «söýgi sowgatlaryny» gowşurjakdygyňyzy çözüň, emma bu hakda hiç zat diýmäň. Çagalaryňyz size kömek edip bilerler. Bu olara söýmekligiň kesgitli hereketleri aňladýandygyny diňe bir özleşdirmäge kömek etmän, eýsem adamyň kimdir biri hakynda alada edeninde, özüniň neneň şatlygy başynda geçirýändigini we özüni beýlekileriň-de neneň söýýändiklerini görmegine rugsat berýändir. Mukaddes Kitapda Hudaýyň bize özümiziň dilänimizden ýa-da oýlanymyzdan hem artyk berýändigi hakynda aýdylýandyr. Köplenç Hudaý bizi Özüniň jogaplary bilen haýran galdyrýar. Haçanda bu bolup geçeninde, biz Hudaýyň özümize «sowgat edendigi» hakynda aýdyp bilýändiris. Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlar Bu aýat Hudaýyň bize bolan söýgüsi hakynda şaýatlyk edýär: «Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir!» (1 Ýahýa 3:1; şeýle-de, Rimliler 8:32 we 1 Ýahýa 4:16 seret). 3. Hudaý rehimdar we ýagşy Gazanýandygymyza ýa-da gazanmaýandygymyza seretmezden, biz merhemeti alýandyrys. Haçanda biz Hudaý ýagşy we rehimdar diýenimizde, özümiziň mynasyp bolup-bolmandygymyza seretmezden, Onuň öz dileglerimize jogap berip, mätäçliklerimizi kanagatlandyrýandygyny göz öňünde tutýandyrys. Ol muny bizi söýýändigi üçin edýändir, Ol bize kömek etmek isleýär, çünki Onuň erki şeýledir. Özüniň rehimdarlygyna görä, biziň jezalandyrylmaga mynasyp bolýandygymyza seretmezden (çünki biz günälidiris), Ol bizi jezalandyrmaýar. Onuň rehimdarlygyna görä, «gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşyp» bilýändiris (Ýewreýler 4:16). Hudaý kän rehim edijidir, bu hakda her bir ynamda ösmek islän we öz dileglerine jogap almak islänleriň her biri bilmelidir. Käwagtlar biz özümiziň oňatdygymyz ýa-da Onuň söýgülileriniň hataryndadygymyz üçin Ol bizi diňleýär diýip oýlaýarys. Ýa-da tersine: biz Hudaýa dileg etmeklige ýa-da Oňa bil baglamaklyga gorkýandyrys, çünki bolmalysy ýaly oňat däldiris ýa-da Hudaý özümizden nägile diýip pikir edýäris. Hudaý bizi kämillige we oňat işleri etmeklige ruhlandyrýar, Ol oýun meýdançasynda oturyp, öz netijelerimizi hasaplaýan oýun kazysy däl-de, Isa Mesihde bizi dostumyzdyr. Haçanda biz (ýa-da çagalarymyz) dileg bilen Oňa ýüzlenip, Ondan biz zatlar hakynda soranymyzda, biz özümiziň oňat işlerimize ýa-da gazananlarymyza bil baglamaly däldiris. Hudaý bize Özüne ýüz tutmaklyk mümkinçiligini berdi, çünki ruhy ösüşiň haýsy basgançagyndadygymyza, özümize baha berşimize we nämä ýetendigimize bagly bolmazdan, bizi diňläp, dileglerimize jogap berýändir. Onuň jogaby biziň gazananlarymyza däl-de, Onuň rehimdarlygyna baglydyr. Şonuň üçin hem biz hemişe batyrgaýlyk bilen Oňa ýüz tutup, Onuň kömegini alyp bilýändiris. Biz hiç zat hem gazanmadyk, emma Hudaý Özünden dileýänlere rehim etmek isleýändir. Ýewreýlere ýazylan hatda aýdylyşy ýaly, biz «gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşýarys» (Ýewreýler 4:16; kursiw meniňki). Eger çagalar muňa düşünýän bolsalar, onda olar üçin Hudaýy özlerinden kämilligi talap edýän we ýalňyşlyklary üçin berk höküm edýän oýun kazysy ýaly däl-de, özleriniň ösmeklerine söýgi bilen kömek edýän Dostlary hökmünde kabul etmeklik ýeňil bolar. Maslahatlar Maşgalaňyzda «rehimdarlyk» gününi belläň. Bir güni saýlap, çagalaryňyza «rehim» sözüniň näme aňladýandygyny düşündiriň. Şu günüň içinde ähli zady «gazandyň — gazanmadyň» esasy boýunça däl-de, diňe söýgi boýunça etmelidigini düşündiriň. Eger siz biziň maslahatlarymyza eýerseňiz, bu gaty gyzykly we şatlykly bolar. Öýüňizdäkileriň barynyň bir-birlerine rehimdarlyk bildirmeklerini haýyş ediň. Başga sözler bilen aýdanymyzda, eger çagaňyz sizden bir zat dileýän bolsa (elbetde, akla sygar zady), siz iki pikirden ugur alyp oňa jogap berersiňiz: 1) Onuň haýyşyny kanagatlandyrmaga mende mümkinçilik barmy? 2) Bu onuň üçin peýdalymy? Şunuň bilen birlikde, onuň öz isleginiň ýerine ýetmegini gazanyp-gazanmandygynyň, öý ýumuşlaryny ýerine ýetirip-ýetirmändiginiň, öz otagyny arassalap-arassalamandygynyň parhy ýokdur. Eger siz özüňiz üçin çagaňyzyň bir zatlar etmegini haýyş etseňiz, onda: «Men ýaňy-ýakynda muny etdim» ýa-da «Bu gün meniň nobatym däl», ýa-da «Men bu işi ýigrenýärin» diýen hiç hili bahanalary kabul etmeli dälsiňiz. Ol diňe: «Bolýar» diýip jogap berip biler. Şeýle güni çagalar hem gurnap bilerler. Belki, olar başda bir-birlerini talaplary bilen «partladarlar», emma soňra bary öz ugruna gider. Haýyş: «Men seniň rehim etmegiňi haýyş edýärin» diýen sözlerden başlanmalydyr. «Rehimdarlyk» gününi gurnamaklyk — çagalara Hudaýyň rehimdarlygy hakynda ýatlatmagyň we şeýle-de, Hudaýyň olardan (biziň özümizden hem) talap edişi ýaly, beýlekilere-de rehimli bolmaklyga öwretmekligiň oňat usulydyr. Rehimdar bolmaklygy çözendikleri üçin bir-birlerine söýgi bilen kömek edýän maşgalany göz öňüňize getiriň. Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlar Ine, Hudaýyň rehimdarlygy hakynda bize ýatladýan birnäçe ajaýyp aýatlar: Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň (Luka 6:36; şeýle-de, Ýewreýler 4:16 seret). Eý Hudaýym, gulaklaryňy ger-de, eşit; gözleriňi aç-da, harabalarymyza, adyň dakylan şähere seret; çünki biz ýalbaryşlarymyzy Seniň huzuryňa dogrulygymyz sebäpli däl, eýsem Seniň tükeniksiz rehimdarlygyň sebäply hödürleýäris. Daniýel 9:18 4. Hudaý wepalydyr Wepaly adamlar berkdirler, umytlydyrlar we olar ynamy ödeýändirler. Olaryň öz beren wadalaryny ýerine ýetirjekdiklerine biz bil baglap bilýändiris. Haçanda Mukaddes Kitapda Hudaýyň wepalylygy hakynda gürrüň gideninde, Oňa bütinleý bil baglap bolýandygy hakyndaky pikir aýratyn bellenilip geçilýändir, diýmek, biz ynamly bolup bilýändiris: Isa Mesihde Hudaý bize beren ähli wadalaryny ýerine ýetirer. Haçanda biz Hudaýyň ýanyna öz haýyşlarymyz bilen gelenimizde, Onuň wepalydygy hakynda ýatlamalydyrys we öz mätäçliklerimize biperwaý seretmeýändigine bil baglamalydyrys. Haçanda biz Hudaýyň ýanyna öz haýyşlarymyz bilen gelenimizde, Onuň wepalydygy hakynda ýatlamalydyrys we öz mätäçliklerimize biperwaý seretmeýändigine bil baglamalydyrys. Çagalarymyz Hudaýyň ýanyna öz dileglerine Onuň jogap berip hem biler, jogap bermän hem biler diýen pikir bilen gelmeklerine ýol bermeli däldiris. Hudaý hakdaky şeýle düşünje Onuň wepalylygy hakyndaky tassyklama garşy çykýandyr. Eger biz Hudaýyň öz dilegimize jogap bermegini sorap, özümizi Onuň eşidýändigine bolsa şübhelenýän bolsak, onda biz jogaba bil baglap bilmeris. Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler. Ol iman bilen dilesin, hiç hili şübhe etmesin, sebäbi şübhe edýän adam ýel bilen çaýkalyp, eýläk-beýläk kowlup ýören deňiz tolkuny ýalydyr. Çünki bu adam Rebden bir zat alaryn diýip pikir etmesin. Ol bütin ýollarynda durnuksyz ikigöwünli adamdyr. Ýakup 1:5-8 Ýakup bizi şübhelere garşy duýduryş berýär. Aslynda, ol şeýle diýýär: «Eger kim dilegi lotoreýa (ýeňilip hem bolýandyr) diýip hasaplaýan bolsa, öz dilegine jogap alaryn diýip umyt etmesin». Näme üçin? Çünki ol ynanmaýar! Onuň şübhesi — Hudaýyň jogap bermezliginiň sebäbidir. Eger-de biz çagalarymyza özleriniň dileglerine Hudaýyň jogap berip hem biler, bermän hem biler diýip pikir etmeklerine ýol bersek, onda Ol olaryň dileglerine jogap bermez we olarda dileg etmeklik islegi ýiter. Hudaýyň wepalydygyny çagalar bilmelidirler. Oňa bil baglap bolar we hökman bil baglanmalydyr. Öz dilegimize «ýok» diýen jogaby alýan wagtlarymyz bolýarmy? Hawa. Öz dilegimiziň jogabynyň nähili boljakdygyny biz bilmän bilerismi? Hawa. Hudaýyň özümize «hawa» diýip jogap berjekdigini bilýän wagtlarymyz bolýarmy? Hawa, bolýar. Nädip öz çagalarymyzyň bu tapawutlary görüp bilmeklerine öwredip bileris? Maslahatlar Dilegleriň üç görnüşleri bardyr: 1. Hudaýyň «ýok» diýip jogap berýän dilegler. Şeýle dilegleri çagalaryňyzyň aýtmaly däldigi hakynda siz olara duýduryş bermeli dälsiňiz. Hudaý Öz Sözünde biziň Ondan soramaly däl zatlarymyzyň bardygy hakynda aýdýar. Biz Hudaýyň erkine we Onuň durkuna garşy gelýän zatlar hakynda dileg edip bilmeýändiris. Şeýle, eger biz dilegde öz çagamyzyň göwnüne degene temmi bermegini sorasak, beýle dilegi Ol jogap bermez. Şeýle-de, eger biz Hudaý erkine boýun bolman ýa-da Onuň özümiz hakdaky aladasyna ynanman dileg edýän bolsak, onda Hudaýyň «hawa» diýen jogabyna garaşman bileris (Ýakup 4:1-3; 1 Ýahýa 5:14-15 seret). Dileg — bu satyk-söwda dükany däl-de, gatnaşyklary ösdürmekligiň usulydyr. 2. Hudaýyň «hawa» diýip jogap berýän dilegler. Bu dilegler Hudaýyň özümize beren wadalaryny ýerine ýetirmegi hakynda edýän dileglerimizdir. Ýöne bu dilegleri «wadany saýla we onuň ýerine ýetmegini talap et» ýaly görnüşli dilegler bilen çalyşmaň, beýle dilegler biziň haýyşlarymyzyň dessine ýerine ýetmegini göz öňünde tutýandyr, çünki Hudaý wada beripdi, diýmek, muny Ondan talap etmäge biz haklydyrys we Ol biziň talabymyzy ýerine ýetirmäge borçludyr. Beýle düşünje dogry däldir. Bu ýerde kynçylyk şunda jemlenendir: şeýle dilegde Hudaý bilen özümiziň gatnaşyklarymyzyň aýratynlyklary we Onuň rehimdarlygy göz öňünde tutulýan däldir. Bu iki dilegleriň arasyndaky tapawudy şeýle mysal bilen düşündirip bolar. Siz öz çagalaryňyzy iýmitlendirmäge borçlusyňyz we olar bu hakda bilýärler. Siz olary söýýändigiňiz üçin çagalaryňyzyň aç bolmazlyklary üçin eliňizden gelenini edýärsiňiz. Eger-de agşamlyk naharyndan bäş minut öň çagaňyz gelip, size: «How, meniň agşamlyk naharym nirede? Kanun boýunça sen meni naharlandyrmaly, men bolsa aç!» diýse we soňundanam size hiç hili üns bermän iýip, gideninde bolsa minnetdarlyk hem bildirmese, siz özüňizi nähili duýardyňyz? Indiki gezek ol öz nahary hökmünde çalt taýýarlanylýan aşy alsa gerek. Hawa, siz çagalaryňyzy iýmitlendirmäge borçlusyňyz, emma siz olar üçin tagamly nahar taýýarlaýarsyňyz, çünki siz olary söýýärsiňiz we olary sagdyn we bagtly görmek isleýärsiňiz. Şeýle-de, çagalaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzyň gowulaşmagyny isleýän bolsaňyz gerek. Muňa siziň çagalaryňyz hem öz nägileliklerini aýtman, tersine, minnetdarlyk we hoşallyk bildirip, täsir edip bilýändirler. Hawa, biz Hudaýyň kesgitli dileglere «hawa» diýip jogap berjekdigine bil baglap bilýändiris we çagalarymyzy Onuň wepalylygyna bil baglamaklygy öwretmelidiris, çünki Ol bizi söýýär we bize rehimdardyr. Özi bilen biziň nähili gatnaşyklary gurýandygymyza üns berip, Ol biziň dileglerimize jogap berýändir. Dileg — bu satyk-söwda dükany däl-de, gatnaşyklary ösdürmekligiň usulydyr. Eger biz soraýan bolsak, onda Hudaýyň öz rehimdarlygy we mehmeti boýunça «hawa» diýip jogap berjek zatlar bardyr. Şeýle zatlara akyldarlyk (Ýakup 1:5 seret), ruhy ösüş (1 Korintoslylar 1:8-9; 1 Selanikliler 5:23-24 seret), synaglarda goldaw (1 Korintoslylar 10:13 seret) we şeýtandan gorag (2 Selanikliler 3:3) girýändir. Bütin Täze Ähte Hudaýyň merhemeti we Onuň wadalary hakynda şaýatlyk edýän resminama hökmünde seretmek gerekdir. Mukaddes Kitabyň sahypalarynda ýazylan Hudaýyň her bir wadasy Onuň «hawa» diýip jogap berjek dilegiň mowzugy bolup durýandyr. Şeýlelikde, Hudaýyň özümizden talap edýänlerini bary — bu Onuň hökman ýerine ýetirjek zatlary hakynda dileg etmeklikdir. Biz Hudaýdan özümiziň sahy bolmaklygymyz, söýmekligimiz, ähli dostlarymyz, işdeşlerimiz, synpdaşlarymyz bilen parahatlykda bolmagymyz; sabyrly we mähirli bolmagymyz; ýygnaga gatnaşyp bilmegimiz üçin dileg etmelidiris. Şeýle dilegleriň baryna Hudaý «hawa» diýip jogap berer, çünki bularyň bary Onuň Mukaddes Kitapda bize Öz erki kimin açýany bilen laýyk gelýändir. Käbir dilegleri birnäçe gezek gaýtalamaly, çünki kesgitli wadalaryň ýerine ýetmegi dowamly ýagdaýy göz öňünde tutýandyr: mysal üçin, akyldarlygyň berilmegi. Çagalarymyzyň bilmeli iň esasy zady — bu özleriniň garaşyşlary boýunça bolmasa-da, öz dileglerine Hudaý öz wagtynda hökman jogap berer. Ol wepaly we şonuň üçin hem jogap berýär. 3. Hudaýyň hem «hawa», hem-de «ýok» diýip jogap berip biljek dilegler. Biz Hudaýa bu dilegleri aýdyp bilýändiris, ýöne olar şeýle bir aýratyndyrlar welin, hatda Mukaddes Kitapda olar hakda anyk hiç zat aýdylmandyr. Mukaddes Kitabyň: «Näme dileseňiz, Ol size beret» diýen sözleriniň astynda näme göz öňünde tutulýar? Olar hut şeýle dileglere degişli dälmikä? Hem hawa, hem-de ýok diýip bolar. «Näme dileseňiz» diýlen sözleriň astynda göz öňünde tutulýan zatlaryň bary bu aýadyň konteksti (aýadyň bölekdäki manysy) we bu sorag babatda Mukaddes Kitabyň beýleki ýerlerinde aýdylýanlar boýunça kesgitlenilýändir. Mysal üçin, Ýahýanyň Hoş Habarynyň 14-16-njy baplarynda ähli ynanýanlaryň Hudaý Ata, Ogul we Mukaddes Ruh bilen täze gatnaşyklary hakynda ýazylandyr. Bu gatnaşyklary gurnamaklyk üçin Hudaýyň söýgüsini, Onuň merhemetini kabul etmeklik, Onuň baştutanlygyny soramaklyk, Onuň bilen dileg we özümizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gürrüňdeş bolmaklyk wajypdyr. Ýene-de Hudaýyň erkine boýun bolmaklyk gerekdir, Hudaýa bil baglamaklyga we Onuň parzlaryny ýerine ýetirmeklige öwrenmeklik wajypdyr. «Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň» (Ýahýa 15:16-17). Başga sözler bilen aýdanymyzda, «näme dileseňiz…» diýen jümle diňe haçanda biziň Hudaýyň alnynda pes bolanymyzda we Oňa boýun bolanymyzda, Onuň söýgüsine ynanyp, Ony edil Öz Atamyz hökmünde kabul etmäge taýyn bolanymyzda güýje eýe bolýandyr. «Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris» (1 Ýahýa 5:14-15; kursiw meniňki. — R. O.). Ýahýa şeýle şert goýýar: «Onuň islegine görä dilesek». Elbetde, bu sözler Hudaýyň «hawa» diýip jogap berýän dileglere degişlidir, emma olar şeýle-de Hudaýyň «ýok» diýip jogap berip bilýän dileglere-de degişlidir. «Dilän dilegimizi» diýlen sözler Hudaýyň biziň Özüne ynanmagymyz we ähli kynçylyklarymyz hakynda Oňa gürrüň bermegimizi isleýändigi hakynda şaýatlyk edýändir. Şeýle-de, ol sözler Hudaýyň öz dileglerimize «hawa» diýip jogap bermek isleýändigini we Onuň biziň ýagşylygymyz üçin kararlary kabul etjekdigini görkezýändir. Emma käwagtlar bu ýagşylyk asla biziň soraýan zadymyz bolman hem biler. «Näme dileseňiz…» diýen jümle diňe haçanda biziň Hudaýyň alnynda pes bolanymyzda güýje eýe bolýandyr. Biziň islendik dilegimiz Hudaýyň erkine tabyn edilen bolmalydyr. Biz Oňa we Onuň akyldarlygyna ynanmalydyrys. Eger bu şeýle bolsa, onda biziň ähli işlerimiz gaty oňat bolar, çünki Hudaý bize ýagşylyk isleýändir, emma bizden tapawutlylykda, Ol özümiz üçin nämäniň ýagşydygyny oňat bilýändir. Hudaýyň hem «hawa», hem-de «ýok» diýip jogap berip biljek çaga dileglerine olaryň eýe bolmak islän nähilidir bir täze zat hakyndaky, mekdebiň ýa-da ýygnagyň durmuşynda oýnamak islän rollary hakyndaky, täze gyzyklanma ýa-da özleriniň gitmek isleýän syýahatlary hakyndaky dilegler girýändir. Goý, siziň çagalaryňyz Hudaý bilen gürleşsinler, goý, olar özlerini aladalandyrýan zatlar, özleriniň oýlanýan we isleýän zatlary hakynda Oňa gürrüň bersinler. Onsoň olar özleriniň Hudaýa ynanýandyklaryny we özleri üçin nämäniň oňatdygyny Onuň çözmegini isleýändigini aýtsynlar. Olar nähilidir bir karar kabul etmeklik üçin akyldarlyk sorap bilerler. Haçanda çagalar dileg edenlerinde, olar öz dileglerine Hudaýyň «hawa» diýip jogap berjekdigi hakynda bilmeýärler, ýöne olar özlerine Hudaýyň baştutanlyk edýändiklerini we baryny oňat ýagdaýda gurnajakdygyny bilýändirler. Munuň Onuň nädip etjekdiginiň hem parhy ýokdur. Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlar Mukaddes Kitapdan alnan aşakdaky aýatlar Hudaýyň wepalydygyny görkezýärler: Reb ähli ýollarynda dogrudyr we ähli işlerinde merhemetlidir. Mezmur 145:17 Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň. Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr (Ýewreýler 10:23; şeýle-de, Ýewreýler 11:1 seret). 5. Hudaý ynamy ödeýändir Eger-de biz bir adama ynanýan bolsak, diýmek ony ýeterli tanaýandyrys we şonuň üçin hem oňa ynamlydyrys. Belki-de, bir iş bilen bagly bolan adamlaryň bir-birlerine aýdyp biljek iň hoşamaý sözleri «men saňa ynanýaryn» diýmeklik bolsa gerek. Wepalylygyň hereketde beýan edileninde, umytlylyk köp derejede gylygyň häsiýeti bolsa gerek. Hudaý bütinleý ynamy ödeýändir. Biz Hudaýyň hiç haçan hem özümizi umytdan gaçyrmajakdygyny bilip, Onuň eline öz durmuşymyzy, özümiz üçin gymmat bolan we özümiziň ynanýan ähli zatlarymyzy berip bilýändiris. Biz çagalarymyza özleriniň ähli zatlaryny — geçmişini, häzirini we geljeklerine Hudaýa ynanyp bilmeklerine öwretmelidiris. Her gün olary şeýle dileg etmeklige ruhlandyrmalydyrys: «Hudaýym, men özümi dolulygyma Seniň eliňe tabşyrýaryn. Senden haýyş edýärin, Özüňiň isleýşiň ýaly bolup bilmegime kömek et we Özüňiň niýetiň boýunça nirede bolmaly bolsam, şol ýere meni ugrat». Eger biziň çagalarymyz Hudaýyň ynamy ödeýändigini özleşdirseler we Oňa bil baglamaklyga öwrenseler, onda olaryň ýüreklerinde şatlyk we parahatlyk höküm sürer, olar umyt bilen baýarlar (Rimliler 15:13 seret). Hudaýa bil baglamaklyk we munuň netijesi hökmünde Onuň özümiz hakdaky aladasy we durmuşymyzy goramaklygy biziň Onuň bilen gatnaşyklarymyzyň esasy bolup hyzmat edýändir. Hudaýyň ynamdar we ýagşydygy hakyndaky bilim çagalarymyzyň öz dileglerine bolan Hudaýyň jogabyna garaşanlarynda, olara uly goldaw bolýandyr. Maslahatlar Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlary (ýa-da Mukaddes Kitapdan özüňiziň tapan Hudaýyň ynamy ödeýändigi hakyndaky islendik beýleki aýatlary) bir kagyz sahypasyna ýazyp alyň we ony gözüňize hemişe görnükli ýere ýelmeşdiriň. Her gün irden öz çagalaryňyza bu aýatlary okap beriň we olaryň manysyny düşündiriň. Bu size Hudaýyň öz mätäçlikleriňiz hakynda ýadyndan çykarmandygyny özüňize (we çagalaryňyza-da) ýatladyp durar we birnäçe wagtdan soň siz (we siziň çagalaryňyz) Mukaddes Kitabyň bu böleklerini ýat tutarsyňyz! Mukaddes Kitapdan alnan açary aýatlar Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Ýahýa 14:1 …Oňa iman eden kişi utandyrylmaz… Rimliler 10:11 Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda Ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular. Süleýmanyň tymsallary 3:5-6 Oýlanyň 1. Çagalaryňyza iň soňky gezek Hudaý hakynda näme gürrüň bereniňizi ýadyňyza salyň. Hudaý hakda olara gürrüň berip, olaryň ünsüni nämä çekipdiňiz? Hudaýyň rehimdarlygy, adalatlygy we özüňizi söýýändiginemi? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Hudaýyň haýsy häsiýetleri hakynda çagalaryňyza ilki bilen gürrüň bererdiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Ahyrynda çagalaryňyza: «Hudaý ýagşydyr. Ol seni Öz söýgüsi we ynamdarlygy bilen geň galdyryp biler» diýiň. Aşakdaky aýat öz dileglerine Hudaýyň jogabyna garaşanlarynda, çagalaryňyzy goldap bilýändir: «Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa, imanlylar ýygnagynda, Mesih Isada bütin nesillerden nesillere ebedilik şöhrat bolsun!» (Efesliler 3:20). Bu aýaty bir kagyza ýazyp alyň we gözüňize hemişe görnüp durar ýaly ýere ýelmeşdiriň. Haçanda çagaňyz ony okanynda, ýöne haýran galar! Ýumuş: «ynam gutusy» «Ynam gutusyny» ýasaň. Täze köwşüň gutusyny alyň we onuň owadan gutujyk bolary ýaly, ony çagalaryňyz bilen owadan edip bezäň. Galamlary we kiçijik kagyz sahypalaryny alyň. Iki topara bölüniň we haýsy soraglaryň çözgütlerini Hudaýa ynanýandygyňyzy ýazyň. Kimiň kän sorag ýazýandygyna syn ediň. Onsoň, haçanda çagalaryň birinde kynçylyk ýüze çykanynda, onuň nämede jemlenendigini kagyza ýazyň, onuň çözülmegi hakynda dileg ediň we kagyzy özüňiziň «ynam gutuňyza» goýuň. Eger-de çagaňyz ýene-de howsala düşüp başlasa, oňa «guty» hakynda ýatladyň, onuň Hudaýa bolan ynamyny saklap bilmegine goldaw beriň we dileg edip, çagaňyzyň Hudaýa bil baglap bilýändigi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. Soraglar 1. Çagalaryňyzyň Hudaý we dileg hakyndaky soraglaryna adatça nireden jogap gözleýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Çagalaryňyz Hudaý hakda nähili soraglary has kän berýärler? Iň giňden ýaýranlarynyň onusyny ýazyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Hudaýyň Özüni bize açýanlygy üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Çagalaryňyzyň soraglaryna ýönekeý we aýdyň jogap berip bilmegiňiz üçin dileg ediň. Çaganyň dilegi «Mähriban Hudaýym, meniň gaty kän soraglarym bar. Özüňi tanamaklyga maňa rugsat berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin we haýyş edýärin, öz soraglaryma jogap tapyp bilmegime kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 12-nji bap. Dileglere jogaplar Seniň jogaplaryňy kabul edip bilmegimize kömek et, eý, Hudaý. Özümizi hemişe diňleýändigiňe, Seniň jogaplaryňyň hemişe dogry we anykdygyna şübhelenmezimiz ýaly et. Goý, Seniň jogaplaryň bizde şübhe döretmesin. Öz dilegimize Senden dogry we anyk jogap aldyk diýip, biziň şatlyk bilen aýdyp bilmegimize kömek et. Omyn. Martin Lýuter Çagalar has ynanyjydyrlar. Olar öz dileglerine Hudaýyň jogap berjekdigine ýeňillik bilen ynanýandyrlar. Ýöne biz Hudaýyň özümizi eşidýändigini we hemişe kömek etmäge taýyndygyny subut edýän mysallary öz durmuşymyzdan getirip, çagalarymyzy Hudaýyň yzyna eýermeklikde berkidip, olaryň bu ynamlylygyny goldamalysyňyz. Ynam we şübheler Çagalarymyz bilen olaryň şübheleri hakynda maslahatlaşmaga başlamazymyzdan ozal, özümiziň hususy şübhelerimiz hakynda gürrüň ederis. Käwagtlar çagalarymyz Hudaýa biziň özümizden hem kän ynanmaga taýyndyrlar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda biziň kellämize gelýän ilkinji pikirler şeýledir: «Eger hiç zat amala aşmasa näme bolar? Eger Hudaý jogap bermese näme? Bu meniň çagalarymy ýaralar, olar lapykeç bolarlar we mundan beýläk dileg edip, Hudaýy tanamak islemezler!» Köşeşiň. Eger-de siz biziň ählimizi-de eýeleýän bu gorkyny ýeňip bilmeýän bolsaňyz, onda çagalaryňyz ahyrsoňy öz dilegleriniň jogaplaryna garaşmaklaryny bes etdirerler. Netijede bolsa olaryň dilegleri diňe resmi (ýa-da däp) bolmaklyga öwrüler. Haçanda şübheler ýüregiňize aralaşanynda, dilegde özüňiziň ynanyp bilmegiňiziň kyndygy hakynda Hudaýa gürrüň beriň. Özüňizi Onuň şübhelerden azat etmegi hakynda soraň, özüňizi Onuň köşeşdirmegine rugsat beriň; ynamda berkemegiňiz üçin Mukaddes Kitaby açyň. Biziň hemmämiz hem wagtal-wagtal howsalanýandyrys, şübheler bizi ýeňip biler we netijede aljyraňňylykda galyp bilýändiris. Biz ýa-da Hudaýa şübhe döredip, gorkularyň öz ýüregimizde orun tutmaklaryna ýol berip bilýändiris, ýa-da Hudaýyň ýanyna gelip, Oňa öz aladalarymyz hakynda gürrüň berip, Oňa ynanmaklygy çözüp, şübhelerde azat etmegini sorap bilýändiris. Ynam — bu biziň tä ýeterli bolanyna çenli öz ýüregimiziň çüýşe gabynda taýýarlaýan käbir jadyly zadymyzdyr. Ynam — bu saýlawdyr. Ogluny keselden we erbet ruhlardan azat edilmekligi üçin Isa ýüz tutan adamyň ynamy gowşakdy: «Eliňden bir zat gelse, bize haýpyň gelsin, kömek et!» Isanyň oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýeninden soň, ol sesiniň baryndan: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!» diýdi (Markus 9:22-24 seret). Ol aslynda: «Men ynanýaryn, men ynanmaklygy çözdüm, emma meni şübheler ýeňip barýar. Olary ýeňmeklik üçin maňa kömek edip bilmersiňmi?» diýip, öz şübhelerini Isanyň alnynda boýun aldy. Isa onuň bu dilegine ogluny sagaltmaklyk bilen jogap berdi. Eger biz «gorçisa dänesi» ýaly ynama eýe bolsak, onda daglary ýerinden süýşürip bilýändigimiz hakynda Isa aýdypdy (Matta 17:20 seret). Ynam — bu biziň tä ýeterli bolanyna çenli öz ýüregimiziň çüýşe gabynda taýýarlaýan käbir jadyly zadymyzdyr. Ynam — bu saýlawdyr. Jyn-arwahly oglanyň kakasy ynamynyň köpeldilmegini dilemedi. Ol ynanmaklygy çözdi, soňra bolsa özüniň şübhelerini ýeňip bilmegi üçin Isadan kömek sorady. Onuň ynamy belki edil «gorçisa dänesi» aýly kiçijik bolandyr, emma netijesi şonda-da täsin boldy. Şübhelerden utanmaň, şübhelenmek — bu bolup bilýän zatdyr. Emma şübheleri dileg bilen ýeňip geçiň. «Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň» (Ýewreýler 12:2 seret). Ýadyňyzda saklaň, Hudaýyň Özüniň hökman bize kömege gelýändigine şübhelenmezligimiz üçin, Ol biziň ýüreklerimizde yman ýerleşdirdi. Edil şemally günde bulutlaryň dumly-duşa ýaýradylyşy kimin, şübhelerimizi-de Onuň ýaýratmaklygy üçin biz ynanmaklygy çözüp we Hudaýyň rehimdarlygyny çagyryp, saýlaw edýändiris. Oýlanyň 1. Nähili ýagdaýlarda siziň Hudaýa bolan ynamyňyz synalýandyr? Näme üçin? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Şeýle ýagdaýlardan baş alyp çykmagyňyz üçin size näme kömek edýär? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Nähili ýagdaýlarda siziň çagaňyzyň Hudaýa bolan ynamy barlanýar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Siziň çagalaryňyz birmeňzeş synaglardan geçýärlermi? Näme üçin «hawa» ýa-da «ýok»? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Bu ýagdaýlardan baş alyp çykmaklygy üçin siz çagalaryňyza nädip kömek edýärsiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dilege jogap alynmaklygyň «şertleri» Eger-de biz öz dilegimize jogap almak isleýän bolsak, onda kesgitli şertleri ýerine ýetirmelidigimiz hakynda biziň hemmämiz hem eşidendiris. Emma eger Özüne dileg bilen ýüzlenýän adama özüniň hususy gazananlaryna ýa-da oňat işlerine däl-de, Hudaý diňe Öz rehimdarlygyna we merhemetine bil baglamaklygy buýurýan bolsa, onda nähili şertler hakynda gürrüň gidip biler? Bu iki ýagdaýlar bir-birlerine gapma-garşy dälmi ahyryn? Gowy sorag. Hawa, gapma-garşydyrlar. Ýöne käwagtlar biziň şertler hökmünde düşünýänlerimiz hakykatda bary-ýogy biziň ruhy taýdan ösüşimiziň we Hudaý bilen gatnaşygymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. 1. Hudaýyň erki Hudaý Öz erkini yglan etmeklik bilen, Öz sözüni bozup bilmeýändir. Elbetde, Onuň niýetleri Özüniň merhemeti we rehimdarlygy hakynda şaýatlyk edýän Onuň öz dileglerimize berýän jogaplaryna gapma-garşy däldir. Onuň jogaplary bilen niýetleriniň arasynda gapma-garşylyk ýokdur! Bize diňe birden «ýok» diýip jogap bermekligi çözenligi üçin, Hudaý biziň ýagşylygymyz üçin hyzmat edýän zatlary bermeklikden boýun gaçyrýan däldir. Hudaýyň söýgi bolanlygy üçin, Ol hemişe-de siziň ýagşylygymyz hakda aladalanýandyr. Şonuň üçin hem Hudaýyň erki çäklendiriji şert däl-de, Onuň söýgüsiniň aýan edilişi bolup durýandyr. 2. Ynam we ynanmaklyk Bu ýerine ýetirilmeli şertler däl-de, Hudaýyň garaýşydyr. Bu garaýşyna laýyklykda, Hudaý ähli zady biziň hemişe üýtgeýän hereketimiz esasynda däl-de, Özüniň üýtgemeýän tebigaty esasynda edýändir. Kanun däl-de, merhemet. Ynam we ynanmaklyk — bu çäklendiriji şertler däl-de, Hudaýyň täsin merhemetine bolan kepillendirilen ýoldur. 3. Biziň özümizi alyp barşymyz we Mesihde ösmeklik Köpleri biz näçe ýetişen mesihiler bolup, kän tejribe aldygymyzça, şonda-da öz dileglerimize oňat jogaplar alyp başlaýarys diýip oýlaýarlar. Başga sözler bilen aýdanymyzda, ruhy taýdan ýetişmeklik dilegde «üstünligi» kepil berýär. Bu tassyklama şol bir wagtyň özünde hem dogry, hem-de ýalandyr. Ol ýalan, çünki çagalarymyzyň ruhy taýdan ýetişip-ýetişmändiklerine seretmezden, Hudaýyň olaryň dileglerine özlerini alyp barşyna laýyklykda däl-de, Özüniň merhemetine bolan ynamlaryna laýyklykda jogap berýändir. Ýöne bu tassyklama dogrudyr, çünki Hudaýy tanamaklyk bilen, çagalar ruhy taýdan kämilleşýändirler we olaryň dileg durmuşlary has-da üstünlikli bolýandyr. Ahyrsoňy biziň mesihi durmuşymyzyň manysy Hudaý bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmeklikde, Onuň özümiziň Göklerdäki Atamyz bolmagynda we özümizi Onuň ýaradyşy kimin bolanymyza çenli Onuň özümiz hakda alada edip, ruhy taýdan ösmegimize kömek etmegine rugsat bermegimizde jemlenendir. Özümize däl-de, Hudaýa bil baglamaklyk bilen, biz öz dileglerimize has kän oňat jogaplar alýandyrys. Gerekli bolan şertleriň bolanynda, Hudaý tarapyndan gurnalan tertibe laýyklykda, biziň durkumyzyň her bir bölejigi sazlaşykda ösýändir. Çagalarymyzyň ruhy taýdan ösüşlerini bagyň durmuşy bilen deňeşdirmek bolar. Birnäçe sebäpleriň birleşmeleri agaçlaryň ösmeklerine täsir edýändir. Olaryň ösmekleri üçin olara baý toprak, howa, suw, iýmitlendiriji maddalar we günüň ýagtylygy gerekdir. Şonda çybyklar, ýapraklar, güller we ahyrynda bolsa miweler peýda bolar. Adam — Hudaýyň ýaradanlarynyň iň çylşyrymlysydyr. Gerekli bolan şertleriň bolanynda, Hudaý tarapyndan gurnalan tertibe laýyklykda, biziň durkumyzyň her bir bölejigi sazlaşykda ösýändir. Men munuň nähili bolup geçýändigini bilmeýärin, emma Hudaý bizi şeýle ýaradypdyr welin, biz ýuwaş-ýuwaşdan, sazlaşykda ösýändiris. Mysal üçin, özümiziň bagyşlanandygymyza göz ýetirip, biz indi özümiziň hem beýlekileri bagyşlamalydygymyza düşünmäge başlaýandyrys. Hudaýa näçe kän düşündigimizde, şonça-da kän Oňa ynanyp başlaýandyrys. Özümizi Onuň nähili görmek isleýändigine, özümizden nähili hereketlere garaşýandygyna gitdigiçe oňat düşünip başlaýandyrys. Bu bolsa biziň Ondan garaşýanlarymyzy üýtgedýändir. Ruhy ösüşiň gidişi şeýledir. Ýönekeý edip aýdanymyzda, biz Hudaý bilen gatnaşyklarymyzy berkitdigimizçe we mesihi durmuşymyzyň ähli taraplarynda laýyk bolan ösüşi gördügimizçe, ynamda ösýändiris. Ine, biziň ýagşylygymyz üçin Hudaýyň kesgitlän ýagdaýy. Eger biz oňat mesihiler bolup, oňat işleri amala aşyrýan bolsak, onda Hudaý biziň dileglerimize hökman jogap berer diýip oýlamaň. Biz Hudaýdan jogaplary diňe Onuň merhemetine ynanýandygymyz üçin alýandyrys. Ol ynamdardyr we biziň çagalarymyzy söýýändir. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, ruhy taýdan ösmekligiň wajyplygy çäklendiriji şert bolup hyzmat edýän däldir. Ruhy taýdan kämilleşip, biz Hudaýyň merhemetini we Onuň söýgüsini çuňňur tanaýandyrys. 4. Günäniň toba edilmegi Haçanda çagalarymyz günä edenlerinde, olara Hudaýyň täsin wadasyny ýatlatmak gerekdir: «Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar» (1 Ýahýa 1:9). Çagalarymyzyň dileg etmeklige we ynamda ösmeklige öwrenenlerinde edýän nädogry hereketleri olaryň dileglerine jogabyň alynmagy üçin böwet gurýan däldir. Biz ynamda ýuwaş-ýuwaşdan ösýändiris. Eger biziň çagalarymyz bir zatda günäkär bolan bolsalar, onda olaryň nädogry hereket edendiklerini we indäm bolsa günäleriniň bagyşlanmagyna mätäçdiklerini düşündirmelidiris. Olar dileg etmelidirler we Hudaýyň özlerine gaharlanýandygy üçin däl-de, Onuň özleri üçin iň oňat zatlary isleýändigi, özleriniň düzelmeklerine kömek etjekdigi we munuň üçin olara akyldarlyk we güýç berjekdigi üçin Hudaýdan ötünç soramalydyrlar. Ol edil oýun wagtynda ýalňyşlyk goýberen oýunçylara: «Bary oňat, siz oňat oýunçylar. Siziň indiki gezek oňat oýnamagyňyz üçin men size kömek ederin» diýýän türgenleşdiriji ýalydyr. Biz hiç haçan hem çagalarymyzy Hudaýdan ötünç soramaga mejbur etmeli däldiris. Hudaý olara gaharlanýan däldir, Ol olaryň ruhy taýdan ösmeklerine kömek etmek isleýändir. Hudaý biziň kämil bolup bilmeýändigimizi bilýändir. Ata-eneler hökmünde biz çagalarymyzyň geljekde edip biljek kiçijik ýamanlyklary ýa-da günäleri üçin ötünç soramalydyklaryny talap etmeli däldiris. Netijede olarda ynamda ösmekligiň ýagdaýy hakynda nädogry düşünje döreýändir we Hudaý olar üçin söýýän Ata däl-de, talap ediji Kazy bolýandyr. Özümizde ýaşaýan Mukaddes Ruhuň rugsat edilmeleriň çäklerini gurnaýandygy hakynda hemmämiz hem bilýändiris we biz şol çäklerden çykanymyzda, muny duýýandyrys, şonda biz dessine Hudaý bilen ýaraşmalydyrys. Biz muňa öz çagalarymyzy hem öwretmelidiris. Hawa, günäde bolup, oňa toba etmän ýa-da nädogry hereketleri etmegimizi dowam etdirip, Hudaý bilen gatnaşygymyza özümiz päsgel berýändiris, emma bu çagalara degişli däldir. Çagalarymyzyň dileg etmeklige we ynamda ösmeklige öwrenenlerinde edýän nädogry hereketleri olaryň dileglerine jogabyň alynmagy üçin böwet gurýan däldir. 5. Başgalaryň günälerini bagyşlamak Hudaýdan ötünç soramaklyk bilen, biz dilege jogap almaklygyň beýleki «şertiniň» ýerine ýetirilmeginiň wajyplygyna düşünip başlaýandyrys — bu başgalaryň günälerini bagyşlamaklygyň wajyplygydyr. Ýöne Hudaý biziň dileglerimize diňe Özüniň rehimdarlygy we merhemeti boýunça jogap berýändir. Hudaý rehimdardyr, hatda eger biz bagyşlanmaga mynasyp bolmasak-da, Ol bizi bagyşlaýandyr. (Bu merhemet). Sözleri ýa-da işleri bilen özümiziň göwnümize degenleri-de bagyşlamaklygymyz bilen bu hakykata düşünendigimizi görkezmekligi Ol bizden talap edýändir. Biz özümiziň göwnümize degenleri olaryň bagyşlanmany gazanandyklary üçin däl-de, özümiziň edil Gökdäki Atamyz ýaly rehimlidigimiz üçin bagyşlamalydyrys. Eger siziň çagalaryňyz özleriniň göwünlerine degenleri bagyşlamaga ukyply bolmasalar, onda olar belki rehimdarlygyň we bagyşlamanyň manysyna düşünen däldirler. Eger düşünen bolmasalar, onda olar özleriniň göwünlerine degenleriň Hudaýyň bagyşlamagyny soramaklyk bilen, özleriniň oňat çagalar we bagyşlanmany gazananlardygy hakynda pikir edýändirler. Hiç kim hem bagyşlanmany gazanýan däldir. Biz hem özümiziň göwnümize degenlerden olaryň biziň bagyşlamamyzy gazanmaklaryny talap etmeli däldiris. Elbetde, haçanda siz öz çagaňyza onuň öz göwnüne degenleri bagyşlamalydygyny aýdanyňyzda, ol ylalaşman bilýändir: «Emma ol menden ötünç soramady, ol hatda özüniň meniň göwnüme degendigi hakynda pikir hem etmeýär! Ol meniň özümiň günäkärdigim hakynda aýdýar!» Munuň wajyp däldigini çagaňyza düşündiriň. Dostlarymyz (we duşmanlarymyz hem) biziň bagyşlamagymyzy gazanmaly däldirler. Ahyrsoňy biziň özümiz hem ony gazanýan däldiris. Çagalaryňyza: «Hudaýym, men özümiň göwnüme degenleriň baryny bagyşlaýaryn. Biziň ýaraşmagymyza we bir-birimiz bilen Seniň isleýşiň ýaly gürrüňdeş bolup bilmegimize kömek et» diýip, dileg etmeklige öwrediň. Isa aýdyň şeýle diýýär: «Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz» (Matta 6:14-15). Ýöne dilege jogap almaklygyň bu «şerti» edil beýlekileri ýaly, Hudaýyň bize rehimdardygyna garşy çykýan däldir. Başgalaryň günälerini bagyşlamaklyk — bu Hudaýyň merhemetiniň hereketine bolan jogabymyzdyr. Dogrudanam, dileg bilen birlikde biziň bütin durmuşymyz Hudaýyň daşynda jemlenendir. Oýlanyň 1. Okanlaryňyzy göz öňünde tutup, öz dilegleriňize Hudaýyň jogap bermekligi üçin nähili «şertleri» ýerine ýetirmelidigini aýdyň. __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Öz dilegiňize isleýşiňiz ýaly Hudaýyň jogap bermedik pursadyny ýadyňyza salyň. Şonda siz nähili sapak aldyňyz? Eger-de Hudaý siziň diläniňiz ýaly hereket eden bolsa, onda näme bolardy? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Çagalaryňyza Hudaýyň dileglere jogap berýändigini düşündirmeklik üçin bu tejribäňizi nädip ulanyp bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Jogaba sabyrlylyk bilen garaşmaklyk Elbetde, köp ýagdaýlarda çagalaryňyz dilegden soň gözlerini açany dessine jogaby almajakdyklaryny bilýärler. Emma eger çagalar özleriniň arzuw edýän zatlaryny şu ýakynda aljakdygyny bilýän bolsalar, onda adatça olar sabyrly bolýan däldirler. Men ynamlydyryn: bu olaryň sabyrly däldikleri hakynda däl-de, eýsem özleriniň arzuwlarynyň amala aşmaklygy üçin näçe wagtyň talap edilýändigini bilmeýändikleri hakynda şaýatlyk edýändir. Sabyrlylyk ynanmaklyk hakynda şaýatlyk edýändir we ynamyň üýtgemezek ýoldaşy bolup durýandyr. Ýewreýlere ýazylan hatyň ýazary şeýle belläp geçýär: «Biz, siz ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde alar ýaly, umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin, her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris» (Ýewreýler 6:12). Neneň geň bolýandygyna seretmezden, çagalaryň aglabasy üçin dilegden soň özleriniň ähli kynçylyklarynyň çözgütlerini Hudaýa ynanmaklyk kyn däldir. Ýöne ulalyp, olar özlerine sabyrlylygy saklamaklyga kömek edýän üç hakykaty özleşdirmelidirler: 1. Jogap wagty talap edýär Öz dilegiňize Hudaýyň islendik wagt we dürli ýagdaýda jogap berýändigine seretmezden, köplenç Onuň jogaby kesgitli ýagdaýlaryň geçişi bilen beýan edilýändir. Haçanda siziň çagaňyz özüniň okuwynda Hudaýyň kömek etmegini dileýän bolsa, onda jogap şunda jemlenýän bolmagy mümkindir: çaga işjeň bolup başlaýandyr, ol sapaklaryna ünsli bolýandyr, onda okamaklyga bolan isleg döräp başlaýandyr we ş.m. Tigir hakyndaky dileg öz içine nädip puly tygşytlamaklyk sapagyny we birazajyk pul gazanmaklyk mümkinçiligini alýan bolsa gerek. Hatda eger tigir çaga edil doglan güni mynasybetli sowgat berlen hem bolsa, Hudaý şonda-da karar kabul edýän, öz pullaryny harçlaýan adamlaryň üstleri bilen hereket eder. Galyberse-de, çaga özüniň doglan gününden birnäçe gün soň hem tigir sowgat alyp bilýändir. Bir gün irden ertirlik nahary wagtynda çagaňyza onuň söýýän naharyny bermekligi wada ediň. Eger-de çagaňyz özüniň söýýän naharyny haçan aljakdygy hakynda sorasa, onuň biraz sabyrly bolmagyny haýyş ediň. Oňa: «Men saňa wada berdim we öz wadamy ýerine ýetirerin» diýiň. Emma haçan ýerine ýetirjekdigiňizi aýtmaň. Mümkin boldugyndan ony agşama çenli garaşmaklyga mejbur ediň, onsoň gerek bolan ähli zatlary taýýarlaň. Garaşylýan nahary taýýarlap, ony bir çetde goýuň we başga işleriňiz bilen başagaý boluň. Iň soňky pursatda, haçanda çagaňyz uklamaga gitjek bolanynda, ony çagyryp, söýýän naharyny oňa hödürläň. Sabyrlylyk ynanmaklyk hakynda şaýatlyk edýändir we ynamyň üýtgemezek ýoldaşy bolup durýandyr. Haçanda ol nahary iýýärkä, bu waka bilen dilegiň arasynda deňeşdirme getiriň. Haçanda biz Hudaýdan bir zat hakynda soranymyzda, Ol bizi eşidýär we jogap berýär. Munuň üçin biraz wagt gerek bolar. Ýöne bary edil nahar bilen bolşy ýaly bolar: çagaňyzyň söýýän naharyny aljakdygyny wada beren pursadyňyz, ol ony bireýýäm aldy diýip hasap edip bolar. Bar sorag wagtda jemlenendir. Bu sapagy ýadynda saklamak çaga üçin kyn bolmaz we öz dilegine jogaba garaşmaklykda sabyrly bolmaklyk onuň üçin ýeňil bolar. 2. Hudaýyň saýlan wagty birkemsizdir Çagalara ýarajak düşündiriş şeýledir: «Hudaý hemmeleri söýýär, Ol bar zady bilýär we birsalymyň içinde biziň ähli isleglerimizi ýerine ýetirip biler. Bir adamyň dilegine jogap bermekligi bilen, Hudaý Öz jogabynyň ähli adamlar üçin islendik ýerde, häzirki wagtda we geljekde nähili netijeleri berjekdigini bilýändir we ony hasaba alýandyr. Hudaý günde milliardlarça dilegleri eşidýär. Emma Onuň üçin şol bir wagtyň özünde bularyň baryny hasaba almaklyk, karar kabul etmeklik ýa-da kimdir biriniň dilegine nähili jogap bermelidigini we Öz jogabynyň beýleki adamlara nähili täsir etjekdigini kesgitlemeklik çylşyrymly däldir. Hudaý Öz mümkinçiliklerinde çäkli däldir». Bu täsin surat çaganyň aňyny haýran eder. Onsoň çagalara ýönekeý hakykaty ýatladyň: adatça Hudaý bize wakalaryň tebigy halda geçmekleri bilen jogap berýär. Ahyrynda olary Hudaýyň akyldarlygyna ynamly ediň: «Hudaý Özüniň hasaplarynda kämil jogaby saýlady we bu jogaby Ol saňa özüň üçin iň oňaýly pursatda berer. Belki-de, bu hut seniň garaşýan wagtyňda bolup geçmez. Ýöne ynanaý — bu gerekli wagtynda bolup geçer». 3. Biz hiç haçan hem boýun synmaly däldiris Bir gezek Uinston Çerçelden uniwersitetiň uçurymlarynyň öňünde çykyş etmekligi sorapdyrlar. Hemmeler çuňňur, täsir ediji sözleri eşitmäge taýyn bolupdyrlar. Hökümet başlygy öňe çykyp: «Hiç haçan, hiç haçan, hiç haçan boýun synmaň!» diýip, yzyna dolanypdyr. Dilegi tohum etmeklik bilen deňeşdirip bolar: siz tohumlary şu wagt ekýärsiňiz, şineler bolsa wagtyň geçmegi bilen peýda bolýandyr. Biziň çagalarymyz (we özümiz hem) dileg etmekligi hiç haçan bes etdirmeli däldirler. Hudaý siziň dilegleriňiziň ýekejesini-de ýadyndan çykarýan däldir, gözünden gaçyrýan däldir. Meniň käwagtlar özümiň näme hakda dileg edenimi ýadymdan çykaran pursatlarym bolýardy we birnäçe ýyldan soň öňki dilegime jogap alardym. Diňe şonda men eden dilegim hakynda ýatlardym. Käwagtlar pullar meniň dileg edenime ýetmekligim üçin ulanyp biljek wagtlarymda peýda bolýardylar. Hudaýa dileg edenimden birnäçe ýyl geçeninden soň Onuň bu dilegimi ýerine ýetiren pursatlary hem boldy. Haýsydyr bir mätäçligimiň kanagatlandyrylmagy hakynda dileg edip, men bu zadyň özüme hut şu wagt gerekdigine ynamlydym. Ýöne birnäçe ýyldan soň jogap alyp, men özümiň öňki dilegimi ýadyma saldym we yzyma, Hudaýa dileg eden wagtyma seredip, şol wagt Onuň bu jogabyny almaga özümiň taýyn däldigime düşünýärdim. Eger Hudaý biziň dileglerimize jogap berýän bolsa, onda Ol biziň ýagşylygymyz üçin öz durmuşymyzda we beýlekileriň durmuşlarynda bolup biljek ähli zatlary hasaba alýandyr. Eger-de siziň ogluňyz on iki ýaşynda maşyn sürmegi öwrenjek bolsa, siziň jogabyňyz oňat bolmaz, siz oňa: «Sen entek muňa taýyn däl. Sen ulalanyňda, maşyn sürmegi öwrenersiň» diýersiňiz. Çagalaryňyza öz kynçylyklarynyň çözgüdini Hudaýa ynanyp bilmeklerine öwrediň. Hudaýyň ähli zady hasaba alýandygyny we ähli bar zady göz öňünde tutup, hereket etmäge başlaýandygyny düşündiriň. Dilegi tohum etmeklik bilen deňeşdirip bolýandygy hakynda olara aýdyň: siz tohumlary şu wagt ekýärsiňiz, şineler bolsa wagtyň geçmegi bilen peýda bolýandyr. Hudaýyň jogabyny çalt almaklyk islegi çagalarymyzda Hudaýyň ynamdarlygyna şübhe döredip, özleriniň özbaşdak hereket etmeklerine getireri ýaly, olara agalyk etmeli däldir. Olarda Hudaýa ýakynlaşmaklyk, Oňa öz durmuşlaryny ynanmaklyk we öz dileglerini ýerine ýetirmekligi üçin Oňa mümkinçilik bermeklik islegini çagalaryňyzda dörediň. Hudaý hemişe ähli zatlary oňat ýagdaýda we öz wagtynda edýändir. Ýadyňyzdan çykarmaň, dilegiň maksady — islegleri buýurmaklyk däl-de, Gökdäki Ata bilen gürrüňdeşlikdir. Oýlanyň Şu wagt siziň çagalaryňyz näme hakda dileg edýärler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Olar bilen bu hakda gürleşiň we özleriniň dileg edýänleri Mukaddes Kitapda beýan edilen Hudaýyň erkine laýyk gelip-gelmeýändigini barlap bilmeklerine kömek ediň. Hudaýyň erkine has kän laýyk geleri ýaly, olar nädip özleriniň dileglerini üýtgedip bilerler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Biziň ynamymyzyň synalmagy Hudaýyň ynamdarlygy, Onuň öz dileglerimizi eşidýändigi we olara jogap berýändigi, bize ruhy taýdan ösmeklige kömek edýändigi hakynda Mukaddes Kitapda anyk aýdylýandyr. Emma biziň durmuşymyzyň ýeňil we bulutsyz boljakdygy hakynda Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde-de aýdylan däldir. Hatda eger biz Hudaý bilen gatnaşyklarymyzy ösdürýän hem bolsak, dogry durmuşy alyp barýan hem bolsak, şonda-da biz «hapanyň» gaty kän bolan günäli dünýäde ýaşamagymyzy dowam etdirýändiris. Biz öz çagalarymyzy olaryň ynamlarynyň synalmagyna taýýarlamalydyrys. Şeýle synaglaryň boljakdygy hakynda Hudaý aýdýar. Şeýle synaglaryň başy hökmünde köplenç Hudaýyň Özüniň bolýandygy hakynda resul Ýakup aýdýar (emma Ol bize ýamanlyk isleýän däldir we bu hakda biz indiki bapda gürrüň ederis): Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň, çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz. Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir. Ýakup 1:2-4 Haçanda özümiň lapykeçlige düşmäge taýyn bolanymda, nädip öz dileglerime Hudaýyň jogaplaryny alandygym hakyndaky täsin taryhlary men öz çagalaryma gürrüň berdim. Durmuşyň iň çynlakaý sapaklary hem (men olary alyp, şahsyýet hökmünde ösdüm) bu wakalar bilen baglanyşyklydy. Resul Ýakubyň aýdyşy ýaly, «kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly» Hudaý bize bu synaglary iberýändir (Ýakup 1:4 seret). Bu pikiri çagalara düşündirmegiň oňat usuly — bu olaryň hyýallarynda gorkunç kert bolan «amerikan gorkalaryny» çekmeklikdir. «Siz attraksionyň ýanynda dursuňyz. Birden aýlanmaklyk islegi sizi güýçli eýeleýär. Haçanda siz ahyrsoňy oňa müneniňizde, ýüregiňiz dürküldäp urup başlaýar we siz gorkudan gygyrmaga taýyn bolýansyňyz. Ýöne siz özüňiziň bütinleý howpsuzlykdadygyňyzy bilip, ýene-de tizara gaty ýerde durjakdygyňyzy bilýänsiňiz we bu sizi rahatlandyrýandyr». Haçanda Hudaý biziň ynamymyzy synanynda, munuň «amerikan gorkalaryna» meňzeýändigini çagalaryňyzy düşündiriň, çünki ahyrsoňy biz sagdyn we zyýan ýetmezek bolup galýandyrys. Bu biziň agyr wagtlary başymyzdan geçirenimizde, barynyň oňat gutarjakdygyny bilýändigimiz üçin, öz kynçylyklarymyz hakynda Hudaýa gürrüň bermeli däl diýmekligi aňladýarmy? Ýok, hut şu wagt biz Hudaý bilen kän gürrüňdeş bolmalydyrys. Biz Onuň akyldarlygyna, baştutanlygyna, güýjüne we Onuň kömegine mätäçdiris, çünki şübheleriň bulutlaryny ýaýradyp bilýän diňe Oldur. Hudaý bizi synaýar, çünki Ol bizi ynamda berkitmekligi, öwretmekligi we Özüne ýakyn etmekligi isleýändir. (Çagalara 1 Petrus 1:7-ni okap berip bilersiňiz). Ondan başga-da, synag döwründe dileg etmezlik edil «amerikan gorkalarynda» uklamaklyk ýalydyr. Eger çagaňyz muňa düşünmeýän bolsa, onda ol lapykeçlige düşüp, özi hakda Hudaýyň alada etmeýändigi, öz dileglerine Onuň jogap bermek islemeýändigi, özüni goldamak islemeýändigi hakynda oýlanyp, munuň şeýledigine ynanar. Öz ynamyny Hudaýyň onuň öz ýagşylygy üçin synaýandygyny çagaňyza düşündiriň. Goý, siziň ogluňyz (gyzyňyz) bu hakda hiç haçan ýadyndan çykarmasyn. Belki-de, öz dileglerine Hudaýyň beren jogabynyň iň tolgundyryjy taryhy «amerikan gorkalarynyň» indiki aýlawyndan soň bolup geçer. Haçanda biziň çagalarymyz öz başlaryna synaglaryň näme üçin düşýändigine düşünmänlerinde Resul Pawlus Rim imperiýasy boýunça kän syýahat edipdi. Hoş Habary wagyz etmeklik üçin birnäçe gezek ol käbir şäherlere baryp bilmändi. Bir gezek Pawlusa şeýtan päsgel berýär (1 Selanikliler 2:18 seret); beýleki gezek ony Mukaddes Ruh saklapdy (Resullaryň işleri 16:16 seret), käwagtlar bolsa howanyň erbetligi sebäpli ol islän ýerlerine baryp bilmändi. Ähli zadyň Hudaýyň elindedigine we bar zady Onuň öz ýagşylygy üçin edýändigini Pawlus bilýärdi we muňa berk ynamlydy. «Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris» (Rimliler 8:28). Çagaňyza sapak bermekligiňiz üçin onuň söýgüli pişigini siziň özüňiz öldürip bilmeýän bolsaňyz, onda muňa Hudaý asla ukyply däldir. Siziň çagaňyza ähli zada düşünmeklik hökman däldir. Hudaýyň beýik ygtyýara eýe bolandygyna we ahyrsoňy bar zady Öz maksatlaryna laýyklykda amala aşyrýandygyna seretmezden, Mukaddes Kitap durmuşymyzda bolup geçýän ähli kynçylyklar üçin Hudaýyň jogapkär däldigini subut edýän ençeme subutnamalary berýär. (Haçanda biz aýagymyzyň barmagyna şikes ýetirenimizde, muny Hudaýyň edendigi hakynda biz aýdýarysmy näme?) Şonuň üçin hem durmuşymyzda bolup geçen betbagtlyk üçin biz ýeňillik bilen Hudaýy käýemeli däldiris, çünki Hudaýyň maksady — bize iň oňat zatlary bermeklikdir. Men sizi çagalaryňyza ýaraýan zatlaryň barynyň Hudaýdan, ýaramaýan zatlaryň bolsa şeýtandandygyny olara aýtmalysyň diýjek bolmaýaryn. Köp zatlar, mysal üçin, kelem we ysmanak muňa girýän däldir. Men şeýle diýmek isleýärin: eger-de siz öz göz öňüne getirmeleriňizde ynamly bolmasaňyz (siz dogrudanam ynamly dälsiňiz), onda sebäbini düşündirmekligiň özüňiz üçin kyn bolan betbagtçylyklaryň ählisiniň jogapkärçiligini Hudaýyň üstüne atmaň. Eger çagaňyzyň söýgüli pişigi maşynyň astyna düşen bolsa, onda iň oňady — näme üçin munuň bolandygyna düşünmeýändigiňizi oňa aýdyň we Hudaýyň çagaňyzy köşeşdirmekligi (belki-de, başga pişik tapmaklygyňyz) üçin bilelikde dileg ediň. Çaga: «Belki Hudaýa seniň pişigiň gerek bolandyr» ýa-da: «Durmuşda bar zat ýöne ýere bolýan däldir. Belki-de, biz bir zatlara öwrenmelidiris» diýmäň. Çagaňyza sapak bermekligiňiz üçin onuň söýgüli pişigini siziň özüňiz öldürip bilmeýän bolsaňyz, onda muňa Hudaý asla ukyply däldir. Haçanda siz bir zatlara düşünmäniňizde, Hudaýa käýemäň, tersine, öz çagaňyzy kömek we akyldarlyk üçin Onuň ýanyna ýollaň. Hudaý üçin çözülmejek kynçylyk ýokdur. Entek çagalar ýaşkalar, biz olaryň ähli zada düşünmeklige ymtylmaklaryna öwretmeli däldiris. Hatda eger çagalar Hudaýyň ýollaryna bütinleý düşünip hem bilmeýän bolsalar, indiki taryh olara Hudaýyň niýetlerine düşünmeklige kömek eder. (Bu berk taglymat däl-de, ýöne meňzetmedir). Göz öňüne getiriň: siziň çagaňyz alpinist, onuň durmuşynyň manysy daglaryň çür depelerini ýeňmeklikde jemlenendir. Sport ussaty bolan Hudaý onuň bilen bile daga çykýar. Hudaý onuň ýokary galmagyna öwredýär we belentliklere bolan ýolda oňa kömek edýär. Çagaňyza şeýle diýiň: «Ýokary galmaklygyň maksady — diňe çür depä ýetmeklik däl (özüňi Hudaý ol ýere geçirer diýip oýlama). Bu ýokary galmaklygyň maksady — senden oňat alpinisti we güýçli şahsyýeti etmeklik. Hudaý seni ýykylyp, boýnuňy döwmeklige mejbur etmeýär. Ol daşlary hem seniň kelläňe gaçmaga mejbur edýän däldir. Agyr sagatlarda Ol seni taşlamaz. Seniň kelläňe daş gaçyp bilermi? Hawa! Käbir zatlara öwretmeklik üçin Hudaý seni howp astyna salýarmy? Ýok! Ol seni halas edip, dogry ýola goýarmy? Hawa! Indi, haçanda sen ýoluň iň agyr bölegine geleniňde we sen güýjüňiň ýetmeýändigi hakynda oýlananyňda, Hudaý seni ýöne göterip, indiki basgançaga geçirermi? Ýok! (Eger sen matematika gaty agyr, şonuň üçin hem futbol oýnamaklyk oňatdyr diýseň, onda Hudaý özüňi mundan beýläk öwretmez we Öz sapakalaryna biperwaý seretmegiňe rugsat berermi? Ýok!) Ol saňa akyldarlyk berer, ähli kynçylyklary ýeňip, indiki basgançaga galmaklygyň üçin Ol seni goldap, berkidermi? Hawa! Eger daga çykmaklyk asla mümkin bolmasa, onda Ol saňa täsin ýagdaýda kömek edermi? Hawa! Ol seni öwretmeklik, çydamly etmeklik we has beýik belentliklere çykmagyňa taýýarlamaklyk üçin bilgeşleýin has çylşyrymly ýol boýunça äkidýärmi? Hawa! Belentliklere bolan ýolda Ol saňa parahatlyk, şatlyk berip, goldarmy, magtarmy we ähli gorkularyňy ýaýradarmy? Hawa! Ol saňa kömek edermi we belentliklere galmaklygyň üçin wajyp bolan ähli gurallar bilen seni üpjün edermi? Hawa!» Ähli zada düşünmeklige ymtylmaly däldikelri hakynda çagalaryňyza aýdyň. Belentlige ençeme ýollaryň eltýändigini çagalaryňyza düşündiriň, ýöne Hudaý olar üçin diňe bir ýoly goýýandyr. Hut şu ýola eýerip, olar özlerini ulanyp bilerler we oňat adamlar bolup bilerler. «Bu ýolda kelläňe ullakan daşlar gaçmaz, çünki ol ýerde yrgyldaýan daşlaryň ýokdugyna Hudaý bireýýäm göz ýetirdi. Onda sen bu ýol boýunça ýörärmiň? Hawa bolsa gerek! Hudaý ynamy ödeýändir». Gaýgylarda şatlanyp bilýändigimiz hakynda aýdylýan aýatlary çagalaryňyza ýatladyň, çünki gaýgylardan sabyrlylyk, tejribe we hiç haçan utanmaýan umyt döreýändir (Rimliler 5:3-5 seret). Maslahatlar we görkezmeler Hudaý köplenç çaganyň dilegine jogap bermekligi bilen, onuň bu kynçylygy özüniň çözmekligi üçin oňa mümkinçilik, ukyp ýa-da akyldarlyk berýändir. Mysal üçin, eger çaga käbir maddy zat hakynda dileg edýän bolsa, onda Hudaý onuň pul gazanyp, islän zadyny satyn alyp bilmegine mümkinçilik berýändir. Eger-de çaga dostlugynyň dikelmegi hakynda dileg edýän bolsa, onda ähli kynçylyklaryny bilelikde çözmegi üçin, ol öz dostuny agtarmaly bolýandyr. Eger çaga Hudaýdan käbir anyk zat hakynda dileg edýän bolsa, onda onuň bilen bile dileg ediň. Goý, isleýän maksadyna ýetip bilmegi üçin özüniň näme edip bilýändigi hakynda Hudaýdan sorasyn. Onsoň dileg etmekligi dowam etdirmezinden ozal, çaga biraz dymyp durup, bu hakda oýlanmalydyr. Kynçylygyň çözülmeginiň ähli münkinçilikleri hakynda bilelikde maslahatlaşyň. Onsoň öz islegine ýetmekligi üçin ähli elinden gelýän işleri hakynda Hudaýa gürrüň bermegini çagaňyza maslahat beriň. Çaganyň öz maksadyna ýakynlaşdygyça, Hudaý öz tarapyndan onuň isleginiň ýerine ýetmeginiň üstünde işlär. Çagalaryňyza öz dileglerine Hudaýyň jogaplaryna garaşmaklygy öwredeniňizdäki aýratyn üns bermeli soraglaryň iň esasy — bu ynamdarlyk soragydyr. Biziň maşgalamyzyň şygary şeýle: «Eger men “hawa” diýsem, onda bu meniň öz wadamy ýerine ýetirjekdigimi aňladýandyr. Eger-de men seniň bilen akýürekli bolsam, onda sen maňa bil baglap bilersiň». Bu edil oýun ýaly bolýar, çünki biziň çagalarymyz eger özlerini öz ýanymyz bilen bir ýere alyp gitmeklige ýa-da bir zat sowgat etmeklige biziň ylalaşygymyzy alan bolsalar, onda olar dilän zatlaryny alandyklaryna ynamly bolup bilýändirler. Haçanda çaga siziň hemişe öz sözüňize ynamdardygyňyzy görenlerinde, olaryň Hudaýa bil baglamaklary ýeňil bolýandyr. Çagaňyzyň Hudaýa gürrüň beren islegini ýerine ýetirmekligi çözeniňizde, aýratynam ünsli boluň. Hudaý köplenç siziň üstüňiz bilen çagaňyzyň dileglerine jogap berer. Emma hemişe Ol siziň kömegiňize ýüz tutar diýip oýlamaň. Hudaý oňa mätäç däldir. Dileg ediň we hereket etmäge howlukmaň, çagaňyz üçin bir zatlar satyn alanyňyzda ýa-da onuň üçin bir zatlar edeniňizde, özüňiziň dogry edýändigiňize doly göz ýetiriň. Eger-de çagaňyzyň dilegine Hudaý siziň üstüňiz bilen jogap berýär diýip hasaplasaňyz, onda bu hakda kän dileg edendigiňizi we çagalaryň dileglerine jogap bermeklik üçin Hudaýyň köplenç ata-eneleri ulanýandygyny çagagyňa gürrüň beriň. Ata-eneler çagalary hakynda alada edip, olaryň mätäçliklerini kanagatlandyrmaga borçludyrlar. Eger siz özüňiziň gelen netijäňiziň dogrudygyna ynamly bolmasaňyz, onda howlukmaň. Belki-de, Hudaý başga ýollar bilen Öz söýgüsini çaga aýan etmek isleýändir. Biziň size hödürleýän oýunlarymyz çagalaryň öz dileglerine Hudaýyň jogap berýändigine bolan ynamlaryny berkitmäge kömek eder. Oýun: «hazynalaryň awçylary» we «yzçylar» 1. Çagalaryňyza «yzçylar» oýnuny oýnamagy öwrediň. Çagalar köplenç bir zat hakynda soraýarlar we soňra bu hakda ýatlaryndan çykarýarlar. Hatda ýatlaryndan çykarmaýan hem bolsalar, özleriniň dilegleri bilen olara alnan jogaplaryň arasynda baglanyşygy görüp bilmeýändirler. Bu köplenç çagalar bilen, aýratynam kiçi ýaşly çagalar bilen bolýandyr. Çagaňyzyň näme hakda dileg edendigini ýatladyň we haçanda ol soran zadyny alanynda, olaryň ünsüni Hudaýyň jogabyna çekiň. Onuň dilegini Hudaýyň nädip ýerine ýetirendigini derňäň. Öz dilegine alan jogabynyň özüniň ýazyp bilýän ýa-da gürrüň berip bilýän taryhydygy hakynda çagaňyza aýdyň. Çagalar eşidilen dilegler hakyndaky öz kitaplaryny düzüp başlamaga girişip bilýändirler. Olara owadanja depderjik satyn alyň (ýa-da biziň ikinji bapba gürrüň beren «ynam kitabyndan» peýdalanyň) we goý, olar oňa öz dileglerine alan jogaplaryny ýazsynlar. Hudaýa minnetdarlyk bildirmekligiň wajypdygyny olara ýatladyň. 2. Çagalaryňyza «hazynalaryň awçylary» oýnuny oýnamagy öwrediň. Jaýyň içinde nähilidir bir süýji gizläň. Oýnuňyza ikinji uly ýaşly adamyň hem goşulmagyny haýyş ediň. Ol adam «hazynanyň» nirede gizlenendigini bilmeli däldir. Ony gözlemeklik üçin çagalar uly ýaşly adamlaryň ikilerine-de «hawa» ýa-da «ýok» diýen jogaby talap edýän soraglary berip bilerler. Oýnuň gidişinde ikinji uly ýaşly adam: «Näme, men saňa anyk aýdyp bilmerin» ýa-da «Saňa nädip kömek etmelidigini bilmeýärin» diýen kesgitli bolmadyk jogaplary bermelidir. Birnäçe wagtdan soň diňe bir uly ýaşly adamyň «hazynanyň» nirede gizlenendigini bilýändigi anyk bolýar. 3. Haçanda «hazyna» tapylanynda we çagalar ony lezzet bilen iýmäge başlanlarynda, deňeşdirme getiriň: islenilýän maksada diňe bir ýol getirmeýän ýaly, emma Hudaý — biziň üçin nämeniň dogrudanam oňatdygyny bilýän we ony berip bilýän ýeke-täk Biridir. Çagaňyzdan soraň: «Islenilýän zady gözlemeklige wagtyňy sarp etmekligiň näme geregi bar: Hudaýy gözle we Ol saňa ähli zady berer». Soraglar 1. Haçanda Hudaý biziň ynamymyzy synaýar diýenimizde, biz nämeni göz öň __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Näme üçin Ol muny edýär? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Ýaňy-ýakynda bolup geçen ynamyňyzyň barlanmagyny beýan ediň. Hudaý nädip siziň ynamyňyzy synady? Özüňiz üçin nähili sapaklary aldyňyz? Öz çagalaryňyzyň ynamlaryny berkitmeklik üçin siz bu tejribäňizi nädip ulanyp bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Özüňiziň düşüp bilýän ähli ýagdaýlaryňyzyň üstünden Hudaýyň Öz ygtyýarynyň bardygyny görkezýänligi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Ähli çylşyrymly ýagdaýlardan-da çykalga tapyp bilmekligiňiz üçin özüňize ähli gerek bolan zatlary berýändigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Hudaýyň öz ynamyňyzy berkitmegi hakynda dileg ediň we çagaňyzyň ynamyny berkitmegiňiz üçin näme edip bilýändigiňizi görkezmegini soraň. Çaganyň dilegi «Hudaýym, her gün maňa kömek edýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Ähli dileglerime oňat ýagdaýda jogap bermekligi bilýändigiňe ynanyp bilmegime kömek et. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 13-nji bap. Dilegiň käbir jikme-jiklerine öwretmeklik Dileg — bu dogruçyllar üçin çeýnelýän sakgyç däldir, ony näçe uzynlyga süýndürip bilýändigiňiz hakynda oýlanmaň. Laýonel Blu Ata-eneler bolan biz çagalarymyzyň uly ýaşa ýetenlerine çenli olary ulaldýan we goraýan ýöne hossarlar bolmaly däldiris. Biz — diňe bir kanunlara we düzgünlere däl-de, eýsem nazarýet bilimlerini nädip durmuşda ulanmalygyny öwredýän mugallymlardyrys. Bu dilege-de degişlidir. Birnäçe soraglara seredip geçeliň. Dilegi nädip başlap, nädip gutarmaly Haçanda Isa Özüniň ölüminden we ölülerden direlmeginden soň şägirtleriniň nähili ýaşamalydyklary hakynda öwredeninde, Ol olaryň Hudaýa Öz ady bilen ýüzlenmelidiklerini aýdypdy (Ýahýa 15:16; 16:23-24, 26-27 seret). Resul Pawlusyň nähili dileg edendigi hakynda onuň Efeslilere (Efesliler 1:17 seret) we Koloselilere (Koloseliler 1:3 seret) ýazan hatynda okap bolar. Mukaddes Kitabyň köp böleginiň biziň Ata-Hudaýa ýüzlenmegimiz hakynda öwredýändigine seretmezden, käbir ýerlerinde Onuň Ogluna ýüzlenmeklik hakynda gürrüň edilýär. Isa Hudaýdyr. Ol Ata-Hudaý däl, emma Mukaddes Üçlügiň bir şahsyýetidir. Şonuň üçin hem haçanda biziň çagalarymyz Isa dileg edenlerinde, olar şol bir Hudaýa ýüzlenýändirler. Emma olaryň dilegiň nämedigine we nädip dileg etmelidiklerine düşünmekleri üçin, dilegleri Mukaddes Kitapda getirilen nusgalara laýyklykda başlap, edil şonuň ýaly-da gutarmaklaryna öwretmeklik peýdaly bolýandyr. Gürrüň dilegiň esasy üç elementi hakynda gidýändir: 1) dileg etmeklige başlap, biz Hudaýa: «Göklerdäki Atamyz» diýip ýüzlenýäris; 2) onsoň biz Hudaýyň Oglunyň adyny ýatlaýarys, çünki Ol arkaly biziň dileglerimiz eşidilýändir: «Isanyň ady bilen»; 3) soňlamada biz: «Omyn» diýýäris. Bu üç sany esasy elementler — birnäçe çynlakaý sapaklaryň mowzugydyr we olary çagalarymyz özleşdirmäge ýöne borçludyrlar. 1. Ýüzlenme Her gezek çagalar dilegde Hudaýa edil Ata hökmünde ýüzlenenlerinde, olaryň aňlarynda ýerdäki atanyň keşbi döreýändir. Hudaý Özüne çagalarymyzyň edil Ata bolşy ýaly ýüzlenmegini we Onuň ýanyna dilegler bilen gelip, özlerini Onuň ýaradandygy, özlerini Onuň söýüp, hemişe-de alada etmäge taýyndygy hakynda ýatlamaklaryny isleýändir. Ýüzlenme bütin dilege äheň berýändir. Çagalaryň dileglerini özleri bilen gürrüňdeş bolmak, olara öwretmek, ýolbaşçylyk etmek we akyldarlyk bermek isleýän söýýän we alada ediji Göklerdäki Ata eşidýändir. Hudaý Özüne çagalarymyzyň edil Ata bolşy ýaly ýüzlenmegini we Onuň ýanyna dilegler bilen gelip, özlerini Onuň ýaradandygy, özlerini Onuň söýüp, hemişe-de alada etmäge taýyndygy hakynda ýatlamaklaryny isleýändir. Her dilegi Göklerdäki Ata bolan ýüzlenmeden başlamaklaryny çagalaryňyza öwrediň we munuň näme aňladýandygyny olara düşündiriň. Haçanda çaga «diş lukmany» diýen sözi eşideninde, ol kimiň ýanyna we näme üçin barýandygyny, ol adamyň näme etmek isleýändigini bilýändir. Haçanda çaga dileginiň başynda «Ata» sözüni aýdanynda, onuň aňynda özüniň ýüzlenýäniniň keşbi döremelidir. Çagaňyzyň Hudaýa bolan ýüzlenmesinde Hudaýyň häsiýetleriniň ýatlanylmagyna kömek ediň we oňa mysal bolary ýaly, muny wagtal-wagtal özüňiz ediň: «Mähriban söýýän we güýçli, özüm hakda alada edýän Gökdäki Atam…» Her bir dilegimizi biz Hudaýa bolan ýüzlenmeden başlamalymy? Ýol ýöräp, biz Onuň bilen ýöne gürrüňdeş bolup bilýän däldirismi? Çünki Ol hemme ýerde-de bizi diňleýändir we özümiziň Onuň bilen gürleşýändigimizi bilýär ahyryn, şeýle dälmi? Hawa, bu dogry we elbetde, siz Onuň bilen şeýle ýeňillik bilen gürleşip bilýänsiňiz. Emma çagalarymyzy adamlar bilen dogry gürleşmeklige öwredip, biz olaryň söhbetdeşlerine hormat goýup, öz pikirlerini aýdyň we anyk beýan etmeklerini isleýändiris, şonuň üçin hem her gezek olaryň Hudaý bilen gürrüňdeş bolmak islänlerinde, Oňa ýüzlenmeden başlamaklaryna öwretmelidiris. Hudaýa ýüzlenmekleri bilen, çagalar üsnlerini jemleýändirler we Oňa hormat goýýandyrlar, olar özleriniň oýlanmalary bilen Hudaýa aýtmaga synanyşýanlarynyň arasynda nähilidir bir aýralygyň bardygyna düşünýändirler. 2. Isanyň adyny ýatlamaklyk Öz dileglerimizi Hudaýyň eşidýändigine biz şübhelenmän bileris, çünki Isa biziň günälerimizi ýuwup, Hudaý bilen aramyzdaky baglanyşygy dikeltdi. Ýöne biz Hudaýyň özümizi eşitmekligi üçin her gezek öz dilegimizi «Isanyň ady bilen» diýen sözler bilen doldurmaly däldiris. Bu üç sözleriň bolmadyk dilegleri Ol kabul etmeýän däldir. Haçanda biz Hudaýyň perzentleri bolanymyzda, özümiz bilen Gökdäki Atamyzyň arasynda baglanyşyk gurnalýandyr, çünki Isa biziň üçin öldi we biz Onuň gurbanlygyny kabul etdik, ýagny baglanyşyk Isa sebäpli, «Isanyň ady bilen» gurnalýandyr. Başga sözler bilen aýdanymyzda, biz Göklerdäki Atamyzyň ýanyna gelmeklige rugsada mätäç däldiris. Biz bir gezek we hemişelik öz günälerimiz üçin tölän Isa sebäpli Oňa gelmeklige biz bireýýäm hukuk aldyk. Şonda-da çagalaryň öz dileglerine «Isanyň ady bilen» diýlen sözleri goşmalydyklaryna men ynamlydyryn. Bu sözleriň manysyny çagalarymyza düşündirip, biz olara şu aşakdakylar hakynda ýatladýandyrys: 1. Hudaýyň merhemeti hakynda. Biz Hudaýyň söýgüsine ony gazanandygymyz üçin däl-de, Isanyň özümiz üçin ölendigi sebäpli ynamly bolup bilýändiris. «Isanyň ady bilen» sözleri bize berlen merhemet hakynda ýatladýandyr. 2. Hudaýyň eşidýändigi we jogap berýändigi hakynda. Dileglerimizi Hudaýyň eşidip, olara jogap bermegine hiç zat hem päsgel berip bilýän däldir. Hiç zat! Mukaddes Kitabyň şaýatlyk edişi ýaly, «Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi» (Filipililer 2:9). 3. Hudaýyň erki hakynda. Biz Isanyň erki bilen ylalaşmaýan zat hakynda Onuň ady bilen dileg edip bilmeýändiris, diýmek, Hudaýyň erki bilen hem ylalaşmaýan zat hakda hem dileg edip bilýän däldiris. Hudaý biziň dileglerde aýdýanlarymyzyň baryny eşidýändir, eşidenleri hakda oňatja oýlanyp, Öz erkine laýyklykda hereket edýändir. Bu üç hakykaty bir gezek we hemişelik özleşdirip, çagalarymyz «Isanyň ady bilen» sözleri aýtmaklyk bilen hemişe olar hakda ýatlarlar. Bu sözler Isa sebäpli Hudaýyň özümizi söýýändigi, dileglerimizi eşidýändigi we olara jogap berýändigi hakynda ýatlama bolup hyzmat edýändir. Biz Hudaý üçin hiç bir mümkin bolmadyk zadyň ýokdugyny bilýäris, hiç güýç Onuň biziň dileglerimizi eşidip, olara jogap bermegine päsgel berip bilýän däldir. Şeýle-de, biz Onuň ähli zady bilýändigini we Özüniň niýetlerine laýyklykda bize jogap berýändigini bilýändiris. Onuň niýetleri bolsa hemişe biziň ýagşylygymyz üçindir. 3. Soňlama Ahyrsoňunda, soňlama sözi bolan «omyn» hakynda. Bu söz «goý, şeýle bolsun» ýa-da «goý, bu amala aşsyn», «bu Hudaýyň wadalaryna laýyk gelýär» diýmekligi aňladýandyr (J. D. Douglas and Merrill C. Tenney, eds. New International Dictionary of the Bible, rev. ed. (Grand Rapids, Mich: Zondervan, 1988), s.v. «amen».). Edil elekron haty ýazyp bolanymyzdan soň «Ibermeli» diýen belgini basyşymyz ýaly, dileglerimiziň hem Hudaýa «iberilmegi» üçin dilegiň ahyrynda «omyn» diýmeli? Ýok. «Omyn» sözi dilegiň bir bölegi hökmünde çynlakaý maksat üçindir. Birinjiden, ünsi jemlemäge kömek edýär. Hudaý bilen gepleşigi biziň hususy oýlanmalarymyzdan ýa-da adamlar bilen gepleşigimizden tapawutlandyrmaga kömek edýär. Tä «omyn» sözi eşidilenine çenli ünsleriniň Hudaý bilen gepleşige jemlenmelidigini çagalar bilýärler. Ikinjiden, haçanda biz «omyn» diýenimizde, özümiziň Hudaýa bolan ynamymyz hakynda we edýän dilegimize Onuň hökman jogap berjekdigi hakynda yglan edýändiris. Haçanda siz çagalaryňyza näme üçin «omyn» diýýändigimizi öwredeniňizde, olaryň öz dileglerini giň sözler bilen gutarmaklaryna öwrediň (ýa-da muny özüňiz ediň): «Hudaýym, dileglerimi eşidip, olara jogap berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Saňa gürrüň berenlerimiň ähli hakynda Öz erkiňe laýyklykda alada etjekdigiňi men bilýärin!» Ýönekeý edip aýdanymyzda, «omyn» — bu dilegiň ahyrynda Hudaýyň özümizi eşidip, jogap berjekdigi hakyndaky hemişeki ýatlamadyr. Dilegde iş gepleşigi bilen dostlukly söhbetdeşligiň sazlaşykly birleşmesi Dostlar öz aralarynda ýa-da dostlukly, ýa-da iş gürrüňinde söhbetdeşlik edip bilýändirler: 1. «Iş gürrüňi». Iş gürrüňinde biz aragatnaşyklaryň iş tarapy hakynda söz alyşýandyrys. Mysal üçin, eger özümiziň çagalarymyz bilen gatnaşyklarymyza seredip geçsek, onda biz ata-eneler hökmünde çagalarymyzyň kesgitli öý işlerini ýerine ýetirip-ýetirmeýändiklerine gözegçilik etmelidiris, olaryň maddy mätäçlikleri hakynda alada etmelidiris we ş.m. 2. «Dostlukly söhbetdeşlik». Dostlukly söhbetdeşlikde biz dürli mowzuklarda: özümizi nähili duýýandygymyz, näme halaýandygymyz, näme hakda oýlanýandygymyz hakynda gürrüňleşip bilýändiris. Gürrüňdeşligiň şeýle görnüşi bize bir-birimizi oňat tanamaklyga kömek edýändir, öz başdan geçirmelerimiz bilen paýlaşmaga we wagtymyzy oňat getirmeklige rugsat berýändir. Dileg hakynda-da hut şeýle diýip bolýandyr. Haýsy mowzuklary biziň we çagalarymyzyň Hudaý bilen hemişe ara alyp maslahatlaşmalydygymyz, ýagny Onuň bilen iş gürrüňini alyp barmalydygymyz hakynda Mukaddes Kitapda aýdylýandyr. Emma diňe şeýle gürrüňdeşlik (ýagny iş gürrüňdeşligi) bilen çagalarymyzyň çäklenmeklerini Hudaý isleýän däldir. Ol olaryň özlerini başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berip, özleriniň nähili bolmalydyklary hakynda sorap, Özi bilen dostlukly gatnaşyklary hem ýola goýmaklaryny isleýändir. Edil adamlar bilen bolşy ýaly, Hudaý bilen gürrüňdeşligiň-de iş gürrüňdeşligi ýa-da dostlukly gürrüňdeşligi ýaly bolup bilýändigini çagalarymyz ýatlarynda saklamalydyrlar. Edil adamlar bilen bolşy ýaly, Hudaý bilen gürrüňdeşligiň-de iş gürrüňdeşligi ýa-da dostlukly gürrüňdeşligi ýaly bolup bilýändigini çagalarymyza öwretmeklik gaty wajypdyr. Hudaý bilen iş gürrüňdeşligini geçirmeklik — bu oýuň bilen ýat tutulan dilegleri ýa-da Mukaddes Kitagyň aýatlaryny aýtmaklygy aňladýandyr. Mukaddes Kitap bizi häkimler üçin dileg etmeklige çagyrýar, şonuň üçin hem biz öz çagalarymyzy biziň özümiz, mugallymlar, kanun hyzmatçylary, häkimler we ş.m. üçin dileg etmeklige ruhlandyrmalydyrys. Mugallymlar üçin dileg etmeklik üýtgewsiz bolup galyp bilýändir. Bu bolup bilýän zatdyr. Mugallym bilen okuwçynyň arasynda adaty gürrüň şeýledir: «Men gidip bilerinmi?» — «Sen öý ýumuşlaryňy ýerine ýetirdiňmi?» — «Ýok, men ony soňrak ederin» — «Haýyş edýärin, öý ýumuşlaryňy ýerine ýetir we onsoň gidip bilersiň». Edil şeýle gürrüňdeşlik ýaly, mugallym üçin dileg hem birnäçe gezek gaýtalanyp bilýändir. Ýöne dileg diňe şeýle bolmaly hem däldir. Haçanda çagalar ulalyp, dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolup başlanlarynda, olar kimdir biri bilen aragatnaşyk edip, özüňi azat duýmaklygyň nämedigine düşünerler, bu islendik mowzukda arkaýyn gürrüňdeş bolup bilmekligi aňladýandyr. Çagalara Hudaý bilen iş gürrüňini we dostlukly gürrüňdeşligi geçirmekligi düşündirip, adamlar bilen gürrüňdeşligi mysal getiriň. Çaga dilegde iş gürrüňdeşligi bilen dostlukly gürrüňdeşligiň elementlerini birleşdirmekligi öwretmekligiň oňat usuly — bu onuň bilen bir iş gürrüňdeşligini ýola goýup, biraz wagtdan soň dostlukly gürrüňdeşlige geçmeklikdir. Ahyrynda iş gürrüňdeşliginiň dostlukly gürrüňdeşlikden nähili tapawutlanýandygyny görkeziň we dileg bilen deňeşdirme getiriň. Oýlanyň 1. Öz gurluşy boýunça siziň dilegleriňiz iş gürrüňdeşligine meňzeşmi ýa-da arkaýynlyk bilen edilýän dostlukly gürrüňdeşlige? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Bir hepdäniň içinde gündelik alyp baryň we näçe sany «işli» dileg etdiňiz we näçe sany Hudaý bilen gürrüňdeşlikden keýplenen dilegleriňiz boldy? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Nädip siz öz dilegleriňizde iş gürrüňdeşliginiň we dostlukly gürrüňdeşligiň elementlerini sazlaşykda birleşdirmäge öwrenip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Haçanda öz çagalaryňyz bilen dileg edeniňizde, siz nämä ünsüňizi jemlemäge ymtylýarsyňyz, çagalaraňyz nämä ünslerini berýärler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Çagalaryňyzyň dileg durmuşlaryny has sazlaşykly etmeklik üçin siz näme edip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Ýat tutulan dilegler Dilegiň maksady hiç haçan hem ony dowamly we owadan etmeklikde jemlenmeli däldir; dileg arkaly biz Gökdäki Atamyz bilen gürrüňdeş bolmaklyga öwrenýäris, Oňa bil baglamaklyga we Ondan jogaplary almaklyga öwrenýändiris. Ýat tutulan dilegler täsin we ruhlandyryjy bolup, dileg etmeklige öwrenmekligiň oňat serişdesi bolup hyzmat edýändir. Ýöne seresap boluň. Bir wagtlar ýat tutulan dilegleri aýtmaklyk bilen biz pikirlerimizde has başga ýerlere gitmeklige bolan synagy başymyzdan geçirip bilýändiris. Çagalaryň nähilidir bir dilegi ýat tutmaga girişmezlerinden ozal, ol dilegiň manysyny olara düşündiriň. Olaryň ähli zada dogry düşünendiklerine göz ýetiriň. Olary haýallyk bilen geplemeklige we dilegiň sözlerine ünsli bolmaklaryna mejbur ediň. Goý, olar dilegiň ahyrynda özlerinden birnäçe sözler goşsunlar, mysal üçin: «Men dogrudanam şeýle pikir edýärin, Hudaýym!» Ýat tutulan dilegler täsin we ruhlandyryjy bolup, dileg etmeklige öwrenmekligiň oňat serişdesi bolup hyzmat edýändir. Ýat tutulan dilegler çagalaryň dileg durmuşlarynyň ujypsyz roluny oýnamalydyr. Çaganyň ýat tutan dilegini aýdanyndan soň, onuň öz sözleri bilen dileg etmekligini haýyş ediň. Çagalaryň köpleri ýat tutan dilegleriniň sözlerine çuňňur aralaşarlary we olary ynam bilen aýdarlary ýaly öz ünslerini jemlemeklik ukybyna eýe däldirler. Diňe dilegleri ýat tutmaklyk olaryň Hudaý bilen aç-açan gatnaşyk etmeklerine kömek edýän däldir. Gaýtalamalardan gaça duruň Her bir çaga özüne we size ýaraýan kesgitli bir dilegi oýlap tapmaga synanyşýarlar we ony günbe-gün gaýtalamaklyk üçin edýändir. Şol bir wagtyň özünde ol: «Eger bu dogry bolsa, onda şunda saklansa bolmazmy?» diýip, öz içinden oýlaýar. Ine, düşünmeklik üçin wajyp bolan iki sany düzgün: öz-özümiziň gaharlanmagymyza we çagalarymyzyň hem bu dileglerde saklanmaklaryna ýol bermeli däldiris. Ýene-de bir gezek: öz-özümiziň gaharlanmagymyza we çagalarymyzyň hem bu dileglerde saklanmaklaryna ýol bermeli däldiris. (Bagyşlaň, gaýtalanmazlygym ýaly saklanyp bilmedim). Entek çagalaryňyz ýaşkalar, hereket edip başlaň, her gün agşam geçen günüň mätäçlikleri bilen bagly bolan täze haýyşlary dileglerine goşmaklyga çagalaryňyza kömek ediň. Olar bilen geçen günüň wakalaryny we kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşyň, olaryň näme hakda dileg etmek isleýändiklerini kesgitläň. Özleriniň kynçylyklaryny Hudaýyň çözüp bilýändigi hakynda we bu hakda olaryň nädip dileg edip bilýändikleri hakynda gürrüň beriň. Haçanda çagalar biraz ulalanlarynda, olara dilegiň başga görnüşlerini öwrediň, olaryň ýene näme hakda Hudaýa gürrüň berip bilýändikleri hakynda aýdyň. Muny olaryň öz durmuşlaryndaky mätäçlikler baradaky dilegleriň özleriniň günbe-günden gaýtalaýan dileglerinden dowamly bolanyna çenli dowam etdiriň. Haýsydyr bir tapgyrda siz çagalaryňyzyň dilegiň dyngysyz bolup geçýän ýagdaýdygyna düşünendiklerini aýan edersiňiz. Hemişe gaýtalanýan dilegleriň sany üs sany iň söýgüli dilege çenli peseler. Dileg edilenindäki bedeniň ýagdaýlary Dyzyňa çökmelimi ýa-da çökmeli däl — ine, sorap nämede. Mukaddes Kitapda dileg edileninde bedeniň dürli ýagdaýlarda bolýandygynyň ençeme mysallary bar. Onda dileg edilende anyk bir ýagdaýda bolmaklyk aýdylmaýar, görnüşi ýaly, dileg wagtynda bedeniň ýagdaýy dilegiň görnüşine we dileg edýäniň keýpiköklügine baglydyr. Haçanda Musa Hudaýyň gazabyna garaşanynda ýa-da Onuň rehimdarlygyna mätäç bolanynda, dyzyna çökýärdi. Dawut Hudaýyň ýagşylygyny alkyşlap, Ony şöhratlandyranynda, tans edipdi. Ylýas we berýleki pygamberler adamlaryň öňlerinde dileg edenlerinde, dik durupdylar we olar muny dilege gatnaşýanlaryň her birleriniň özlerini eşidip bilerleri ýaly edendirler. Beýleki gezek Ylýas pygamber Hudaýa ýagyş hakynda dileg edip, kellesini aşak sallap oturypdy. Hereketli dileg güýçli ünsli bolmaklygy talap edýändir we bedeniniň şeýle ýagdaýy pygamberiň ünsüni jemlemäge kömek eden bolsa gerek. Dileg pursadynda bedeniň dogry ýa-da nädogry ýagdaýy ýokdur. Dileg wagtynda bedeniň ýagdaýy dilegiň görnüşine we dileg edýäniň keýpiköklügine baglydyr. Çagalarymyza dileg wagtyndaky bedeniň ýagdaýlary hakynda gürrüň bermezimizden ozal, şu üç soragy ara alyp maslahatlaşalyň: hormat, ünsüňi jemlemek we bedeniň dili. Ýene-de dilegiň adamlaryň arasyndaky gürrüňdeşlikdigi mysalyndan ulanalyň: çagalarymyz bilen özümiziň gürleşenimizde, özlerinden biziň hormata garaşýandygymyza olar düşünýändirler. Eger-de olar bizi ünsli diňläp, oturan ýerlerinde betpällik etmeseler, şeýdip özleriniň hormatyny bize görkezip bilýändirler. Haçanda biz ünsüň jemlenmegi hakynda gürrüň edenimizde, şuny göz öňünde tutýandyrys: eger çagalar öz oýunjaklary bilen meşgul bolup, bir gözleri bilen bolsa telewizora bakýan bolsalar, onda olaryň biziň sözlerimize üns berýändikleri şübhe astyndadyr. Bedeniň dili hakynda gürrüň edenimizde bolsa, haçanda biz çagamyza duýguryş berenimizde, ol ellerini biline tutup ýa-da bize arka berip durmaly däldir. Çagalar bedenleriniň ýagdaýlary bilen özlerini nähili duýýandyklaryny töwerekdäkilere görkezýändikleri aýdyňdyr. Muňa çagalaryňyzyň düşünenleri dessine, olaryň bir ýerde ýuwaş durup, hormat goýmaklaryna öwrediň. Gözlerini ýummaklyk bilen ünslerini jemlemekligiň aňsat bolýandygyny olara düşündiriň, özlerini nähili duýýandyklaryna baglylykda, bedenleriniň ýagdaýyny üýtgedip biljekdikleri hakynda aýdyň. Eger siz ukudan öň dileg edýän bolsaňyz, onda çagaňyz ýatan ýerinde dileg etmek islär. Emma eger onuň gözleri ýumulyp barýan bolsa, onda oňa ýatan ýerinde dileg etmekligi gadagan etmelisiňiz. Onuň düşegiň ujunda oturmagyny ýa-da dyzyna çökmegini haýyş ediň. Ine, aşakda birnäçe maslahatlar getirilen we siz olary ulanyp, dileg wagtynda çagaňyzyň ünsüni jemläp bilmegine kömek edip bilersiňiz. • Eger çaga uklamazyndan ozal bir zatlar iýýän bolsa, onda dilegiň gutaranyndan soň ony saçak başyna çagyryň. Özüne kökeniň garaşýandygyny bilip, ol çalt ünsüni jemlär we dileg etmäge girişer. • Eger çaga eýläk-beýläk çaýkanyp, oýnamak isleýän bolsa, dilegden soň onuň bilen oýnajakdygyňyzy aýdyň, şu wagt bolsa ol rahat oturyp, dileg etmelidir. Eger ol dileg wagtynda çaýkanýan bolsa, onda onuň köşeşenine çenli garaşyň we dilegi täzeden başlaň. • Ähli oýunjaklary we çaganyň ünsüni bölýän ähli zatlary aýryň. Eger ol nägilelik döretse, onda kimdir biri bilen gürrüňdeşlik wagtynda rahat durup, ünsli bolmaklygyň neneň wajypdygyny düşündiriň. Dilegden soň oýunjaklaryny gaýtaryp bermegi wada ediň. • Çagada gyzyklanma dörediň! Eger çaga hiç-de ünsüni jemläp bilmese, onda gysga dileg ediň. Ony aladalandyrýan zatlar hakynda dileg ediň. Onsoň tä dileg edenine çenli (şu otuz sekundyň içinde) özüniň ünsli bolandygy üçin ony öwüň. Indiki gezek dileg edeniňizde, onuň ünsüni jemlemekligiň kyndygyny ýadyňyzda saklaň. • Ýagdaýa seredip, dileg wagtynda wagtal-wagtal bedeniňiziň ýagdaýyny üýtgediň. Eger siz sehilgähde dileg etmekligi çözen bolsaňyz, onda çagaňyzy ýanyňyz bilen alyň. Eger siz stol başynda eliňizde galamy tutup durup dileg etmegi halaýan bolsaňyz, onda çagaňyz hem şeýle etmemäge synanyşyp görsün. Eger-de siz Hudaýdan bir anyk zat hakynda sorajak bolsaňyz, onda men siziň ogluňyz (gyzyňyz) bilen dyzyňyza çökmegiňizi maslahat berýärin. (Haçanda çagaňyza Hudaýdan bagyşlama soramaklygy öwredeniňizde, onuň dyzyna çökmegine mejbur etmäň. Soňabaka ol bu hakda edil bir kemsitme zat hökmünde ýatlap biler. Çagalaryň ünslerini Hudaýyň söýgüsine, Onuň özlerine düzelmeklige kömek etmek isleginiň bardygyna çekmelisiziň. Gysgaça «Hudaýym, bagyşla» — Ine, olardan talap edilýänleriň bary. Onsoň olary öwüň we berk gujaklaň). Ses bilen we içiňden edilen dileg Mukaddes Kitapda sessiz edilen dilegler ýaly ses bilen edilen dilegleriň hem mysaly getirilýändir. Elbetde, eger adamlar topar bolup dileg edýän bolsalar, onda ses bilen dileg etmeklik gerekdir. Haçanda siz öz çagalaryňyz bilen dileg edeniňizde we olara dileg etmekligi öwredeniňizde, ses bilen edilýän dileg — bu ýeke-täk mümkin bolan dilegdir, çünki siz çagalaryňyzyň dileglerini eşitmän, olara kömek edip bilmersiňiz. Ýöne käwagtlar çaga özüniň käbir dileglerini siziň eşitmegiňizi isleýän däldir. Şeýle ýagdaýda onuň öz içinden dileg etmegine rugsat beriň, ýöne haçan dileginiň gutarandygy hakynda size duýdursyn. Haçanda çaga ulalyp, öz bildigiçe dileg etmäge başlanynda, ol içinden dileg etmek islär. Ýöne ünsüni jemlemek onuň üçin kyn bolsa, hatda özüni çalaja eşider ýaly bolsa-da, ses bilen dileg etmekligini haýyş ediň. Çaga näçe wagtlap dileg etmeli? Çaganyň näçe wagtlap dileg edýändiginiň parhy ýokdur. Isa biziň köp sözli bolmazlygymyza, özümiziň kän gepleýändigimiz sebäpli Hudaýyň bizi eşidýändigi hakynda oýlanmaly däldigimize öwretdi. Dilegiň mümkin boldugyndan uzak wagtlap dowam etmegi üçin kesgitli jümleleri we ýat tutulan dilegleri gaýtalamaklyk — bular boş sözlerdir. Eger dileg etmeklik bilen, siz ony uzyn etmek maksady gözleýän bolsaňyz, onda siz wagtyňyzy biderek sarp edýänsiňiz. Eger-de biz Mukaddes Kitabyň özümizi dileg etmäge çagyrýan zatlary bilen çagalarymyzy hemişe tanyşdyrýan bolsak we olarda Hudaýy tanamaklyk islegini ösdürýän bolsak, onda bar zady aýtmaklyk üçin gerek bolan wagt hökman köpeler. Adam Hudaýy näçe tanadygyça, şonça-da ol dilegde kän wagt geçirer. Dilegiň ýarym sagatdan bir sagada çenli dowam etmekligine ymtylmaklyk — bu oňan maksatdyr. Nämä ymtylmalydygyny çagalar bilmelidirler, ýöne olar dileg hakynda kän bilip, ony söýseler, diňe şonda maksada ýetip bilýändirler. Goý, bu ýagdaý näçe wagt talap edýän bolsa, şonça-da dowam etsin. Nahar başyndaky dileg we beýleki adamlar bilen dileg Eger çaga beýleki adamlar bilen bilelikde ilkinji gezek öz öýünde dileg etse oňat bolar. Birinji basgançak — siziň öz garyndaşlaryňyz bilen nähili dileg edýändigiňizi görmeklik we eşitmeklik. Indiki basgançakda eger çagaňyz siziň bilen meýilleşdirilmedik wagt dileg etse, onda bu ýeterlidir. Haçanda çagalar dileg etmeklige biraz öwrenip, günortanlyk nahary başynda dileg etmek isleseler, olara rugsat beriň. Bu çagalara beýlekiler bilen bile dileg etmekligiň iň oňat mümkinçiligidir. Entek çagalar kiçi bolanlarynda, olaryň düşünip, soňabaka özleriniň hem öwrenip bilmekleri üçin umumy dilegler ýönekeý bolmalydyr. Haçanda çaga birinji gezek dileg edeninde, goý, ol gysga dileg etsin ýa-da ýöne siziň dilegiňizi gaýtalasyn. Dessine ony öwüň we ruhlandyryň. Myhmanlaryň bar bolanynda çagaňyzy dileg etmäge mejbur etmäň. Dileg etmek islegiň barmy diýip ondan soraň. Eger ol islemese, hiç bir elhenç zat bolmaz. Munuň sebäbini bilmeklik üçin onuň bilen biraz soňrak, ikiňiziň ýeke galan mahalyňyz gürrüň ediň we ony ruhlandyryň. Eger çaga ýaňyja bilelikde dileg etmeklige öwrenip başlan bolsa, onda myhmanlaryň ýanynda onuň dileg etmegini soramaklygyň geregi ýokdur. Eger çaga beýleki adamlar bilen bilelikde ilkinji gezek öz öýünde dileg etse oňat bolar. Eger siz öz çagaňyzyň indiki basgançaga geçip, myhmanlaryň ýanynda dileg etmeli wagty geldi diýip hasaplaýan bolsaňyz, onda ony başgalaryň ýanynda utandyrmazyňyz ýaly, onuň bilen öňünden gepleşiň. Haçanda çagalaryňyzyň biri günortanlyk naharynyň başynda dileg edip başlasa, onuň her gezek dilegini biraz üýtgedip, maşgala mätäçliklerini-de Hudaýyň kanagatlandyrmaklygy hakynda soramagyny haýyş ediň. Başga adamlaryň alnynda ses bilen dileg edeniňizde, öz diýýänleriňiz bilen gyzygyp, iň esasy zat hakynda ýatdan çykarmaklyk gaty ýeňildir. Ses bilen dileg etmezlerinden ozal özlerine Hudaýyň dileg etmäge kömek etmegini sorap, şeýle ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmeklerine olary öwrediň we günortan naharynyň başyndaky dilegiň ýöne bir däp däldigi hakynda gürrüň beriň. Olar özlerini Hudaýyň eşidip, dileglerine jogap berýändigine ynanmalydyrlar. Beýleki adamlar bilen bilelikde dileg edip, çagalar özleriniň şahsy dilegleri bilen bilelikdäki dilegleriň arasyndaky tapawuda düşünmelidirler. Bilelikdäki dileg döwründe toparyň mätäçlikleri hakynda dileg edýärler. Şahsy dilegde bolsa siz diňe özüňizi aladalandyrýan zatlar hakynda dileg edýänsiňiz. Günortanlyk naharynyň başynda edilýän dilegde ähli maşgala mätäçliklerini sanap geçmekligiň geregi ýokdur. Bu dileg gysga bolmalydyr we ol nahar üçin minnetdarlygy, oňa pata berilmegini we belki-de, gyssagly soraglaryň birini öz içine almalydyr. Onsoň nahar iýip başlaň. Haçanda hemmeler aç bolanlarynda, eger siz uzak wagtlap dileg edýän bolsaňyz, onda çagalar ünssüz bolarlar we hiç zada öwrenmezler, çünki diňe bir zady, ýagny çaltrak nahar iýmekligi islärler. Dileg ýygnaklary wagtynda bir adam dileg edeninde, galanlary hem edil özleriniň dileg edişleri kimin, şu wagt dileg edýäniň dilegine ünsli bolmalydyrlar we dileg edýän bilen ylalaşmalydyrlar. Eger-de siz nähilidir bir maşgala kynçylygy üçin dileg etmeklik maksady bilen maşgalaňyzyň ähli agzalaryny ýygnamaklygy çözen bolsaňyz, onda her bir agzanyň ol kynçylygyň çözülmegine gyzyklanma döreden mahaly teklip ediň. Eger siziň amala aşyrjak işiňizi aklaýan aýratyn sebäp bar bolsa, diňe şonda siz bütin maşgalaňyzy umumy dileg üçin ýygnap bilýänsiňiz. Munuň üçin iň amatly wagt — bu ukudan öňki wagtdyr. Birinjiden, ukudan öň özleriniň dileg etmelidiklerini çagalar bilýändirler, ikinjiden, bu siziň öýüňiziň tertip-düzgünine täzelik girizýändir. Eger siz bilelikdäki maşgala dileglerini wagtly-wagtynda gurnamak isleýän bolsaňyz, onda olary hepdede bir gezek uky wagtyndan öň gurnaň. Ýa-da maşgala agzalaryňyzda nägilelik döretmeýän aýratyn wagty belläň. Hemmeleriň bu hakda bilmekleri üçin, maşgala dileginiň wagtyny öňünden meýilleşdiriň. Maşgala dilegleri gysga bolmalydyr. Bir zatda çagalaryň uzak wagtlap ünslerini jemläp bilmeýändikleri hakynda ýadyňyzda saklaň. Dilegiň bu sagadyny gyzykly etmäge synanyşyň. Mysal üçin, dileg edip bolanyňyzdan soň hemmelere buzgaýmak hödürläň. Şeýle dilegiň oňat netije berýändigine göz ýetiriň. Öwrenmeklige ymtylýanlary we durmuşda öz bilimlerini ulanmaklyk islegi bolanlary öwretmeklik has ýeňildir. Biz maksada laýyklykda çagalarymyzy toparda dileg etmeklige öwretmelidiris. Eger olar mesihileriň arasynda ulalýan bolsalar, onda belki-de, olaryň özleri dileg hyzmatyna ýolbaşçylyk etmekligiň wajyplygyny görerler ýa-da bu hyzmata çagyrylarlar. Olary muňa taýýarlaň. Soraglar 1. Ilkinji gezek size nädip dileg etmekligi öwretdiler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Bu usul peýdaly boldumy? Näme üçin «hawa» ýa-da näme üçin «ýok»? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Özüňiziň mesihi bolanyňyzdan bäri siziň dileg durmuşyňyzda nähili üýtgeşikler bolup geçdi? Ol has manyly boldumy? Has guramaçylykly? Näme üçin? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg üçin mowzuklar • Hudaý bilen gündelik gürrüňdeşligiň şatlygy üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. • Öz durmuşyňyzy Oňa ynanyp bilmegiňize kömek etmegi hakynda we dilegleriňizde özüňiziň hususy erkiňiziň amala aşamagy hakynda däl-de, Onuň erkine düşünmäge synanyşmagyňyz hakynda soraň. • Çagalaryňyza dilegde iş gürrüňdeşligi bilen dostlukly gürrüňdeşligiň elementlerini nädip sazlaşykly birikdirip bolýandygyny görkezip bilmegiňize kömek etmegi hakynda Hudaýdan diläň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, her gün Seniň bilen gürrüňdeş bolup bilýändigim üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Dileg edenimde özümiň aýtmaly bolan dogry sözlere meni öwret. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». 14-nji bap. Näme hakda dileg etmeli Dünýäde ynanýanlaryň dilegleri boýunça hasap edileninden has kän wakalar bolup geçýändir. Lord Tennison Çagalar özleriniň Hudaý bilen islendik zat hakynda islendik wagtda we islendik ýerde gürleşip bilýändiklerini bilmelidirler. Emma öz dileglerimizde Hudaýyň tabşyrygy boýunça ýatdan çykarmaly däl zatlarymyz hem bardyr, mysal üçin, biz ýurdumyza ýolbaşçylyk edýänler üçin dileg etmelidiris. «Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar, patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin» (1 Timoteos 2:1-2). Çagalarymyza özümiziň dileg etmeli bolan hökmany zatlaryň bardygyny düşündirmeklik bilen, biz dilegiň dürli görnüşlerini beýan edenimizde uzyn we çylşyrymly jümleleri ulanmaly däldiris. Haçanda biz dileg hakynda gürrüň edenimizde, taglymat jümlelerini ulanyp, dilegi görnüşlere we böleklere bölenimizde, bar zady çylşyrymly edýändiris we dileg etmeklige öwrenmekligiň edil daşary ýurt dilini öwrenmeklige barabardygy hakyndaky pikiri çagalarymyza bilgeşleýin aýdýandyrys. Beýdip biz çagalarymyza dileg etmekligi öwredýän däldiris. Biz çagalarymyzyň özümiz bilen gürrüňdeşlikleriniň Hudaý bilen gürrüňdeşlikleriniň arasynda deňeşdirme getirip, olaryň näme hakda dileg edip bilýändiklerini aýdyp bilýändiris. Bir-birimiz bilen gürrüňdeşlikde dürli soraglar we kynçylyklar hakynda söhbetdeşlik edişimiz ýaly, dilegde Hudaýa dürli zatlar hakynda gürrüň berýändiris. Çagalar biziň bilen gürleşip, olar özlerine gerek bolan zatlary, özleriniň isleýän zatlaryny dileýändirler. Biz özümizi gyzyklandyrýan zat hakynda, geljekki wakalar we baýramçylyklar hakynda, adamlaryň mätäçlikleri we kynçylyklary hakynda, nädip olara kömek edip bilýändigimiz hakynda, ynanýanlaryň sanynyň köpelmegi üçin özümiziň näme edip bilýändigimiz hakynda gürrüňleşip bilýändiris. Biz çagalarymyz bilen olaryň okuwlary, üstünlikleri hakynda gürrüňleşýändiris, öz gatnaşyklarymyzy ara alyp maslahatlaşýandyrys, bir-birimizden ötünç soraýandyrys, saýlawlar hakynda gürleşýändiris, bir-birimize minnetdarlyk bildirýändiris. Biz çagalarymyzyň özümiz bilen gürrüňdeşlikleriniň we Hudaý bilen gürrüňdeşlikleriniň arasynda deňeşdirme getirip, olaryň näme hakda dileg edip bilýändiklerini aýdyp bilýändiris. Biz muňa gürrüňdeşlik diýýäris we ony hiç hili görnüşlere we böleklere bölýän hem däldiris. Bu zatlaryň bary hakynda çagalarymyz Hudaý bilen hem gürleşip bilýändirler. Rebbiň dilegi: dilegiň nusgasy Rebbiň dileginde ähli esasy kynçylyklar kesgitlenilendir we biz olar hakda dileg etmelidiris (Matta 6:9-13 seret). Isa ony Öz şägirtlerine dilegiň esasy we oňa bolan gatnaşygyň nusgasy hökmünde teklip etdi. Ine, onuň Injilde getirilişiniň her bir jümlesiniň gysgaça düşündirilişi. «Eý, Gökdäki Atamyz!» Isa Gökdäki Ata bilen gürrüňdeşliginiň mümkindigi hakynda şeýle diýýär. Biz Onuň bilen gürrüňdeş bolup, Ony tanap bilýändiris. «Adyň mukaddes bolsun». Hudaýyň Kimdigi we Onuň ýaradan zatlary üçin biz Ony şöhratlamalydyrys. Çagalara ýönekeý edip aýdyň — biz Hudaýa minnetdarlyk bildirmelidiris. «Patyşalygyň gelsin». Bu dileg Isanyň ikinji gezek gelmekligi hakynda däl-de, Ýygnagyň berkedilmegi üçindir. Biz Hoş Habaryň ýaýradylmagy üçin, Ýygnagyň berkidilmegi we her bir aýratyn mesihiniň ynamy üçin dileg etmelidiris. «Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn». Ýene-de, bu dileg geljekki asyr hakynda däl-de, biziň öz durmuşymyzyň we daş-töweregimizi gurşap alan dünýäniň Hudaýyň erkine boýun bolmaklygy hakyndadyr. Biz häkimiýetler üçin we bolup geçýän wakalar üçin dileg etmelidiris (1 Timoteos 2:1-2 seret). «Gündelik çöregimizi bize şu gün ber». Biz Hudaýdan özümiz hakda alada etmekligi we mätäçliklerimizi kanagatlandyrmaklygy üçin dileg etmelidiris. Biz ähli zatlary: ähli kynçylyklarymyzy, isleglerimizi, başdan geçirmelerimizi Hudaýa ynanmalydyrys. «Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly». Biz diňe özümiziň göwnümize degenler üçin däl-de, hemmeler üçin hem dileg edýändiris. Özümiz ýaly betbagtçylygy başlaryndan geçirýänleriň ählisi üçin dileg edýändiris. «Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç». «Ýazyklar» sözi astynda agyr günäler däl-de, ýetmezçilikler göz öňünde tutulýandyr. Biz Hudaý bilen özümiziň Mukaddes Ruhuň baştutanlygy astyndaky ynamda ösmekligimiz hakynda gürrüň etmelidiris. «Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et». Biz Hudaýyň ýolbaşçylygyny we özümizi goramagyny, Onuň akyldarlygyny we görkezmelerini soraýandyrys. Biz şeýtanyň däl-de, Hudaýyň ýollaryna eýermegimiz üçin dileg etmelidiris. «Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat ebedilik Seniňkidir. Omyn». Hudaýyň Öz erkini ýerine ýetirmeklige we biziň dileglerimize jogap bermeklige ygtyýary bardyr. Ol ynamy ödeýändir we biz Onuň erkiniň amala aşmagyna päsgel bermeli däldiris. Öz dileglerimizi Hudaýyň eşidip, olara jogap berjekdigini tassyklap, biz dilegiň ahyrynda «omyn» diýýändiris. Dilemeklik we minnetdarlyk Nädip bularyň baryna öz çagaňyzy öwredip bilersiňiz? Ony entek has kiçi ýaşyndan başlap öwretmeklige girişiň we öz sapaklaryňyza onuň düşünip, olary özleşdirip bilmekligi üçin näçe wagt talap edilýän bolsa, şonça-da wagty oňa beriň. Ilki bilen oňa dilegi nädip başlap, nädip gutarmalydygyny görkeziň. Onsoň ol «Gökdäki Atamyz» bilen «omyn» sözüniň arasynda minnetdarlygy («Patyşalygyň gelsin» jümlesiniň çagalar üçin aýdylyşy) we dilemekligi («Gündelik çöregimizi bize şu gün ber» jümlesiniň çagalar üçin aýdylyşy) goşsun ýa-da öz mätäçlikleri we kynçylyklary hakynda gürrüň bersin. Çagaňyz özüniň durmuşynda bolup geçen şatlykly wakalar üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip biler, onsoň ol özüniň hut şu wagtky iki-üç isleginiň ýerine ýetmegi hakynda haýyş edip, geljekde çyklakaý kararlary kabul edip bilmegine kömek etmegi hakynda dileg edip biler. Şeýlelikde, ýaňy dileg etmeklige öwrenip başlan çaganyň dilegi şeýle bolup biler: «Gökdäki Atam, men seni söýýärin. Buzgaýmak üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Özüm hakda alada edýändigiň üçin hem minnetdarlyk bildirýärin. Senden haýyş edýärin, goý, meniň doglan günüm şatlykly bolsun. Tigiri sürüp bilmekligime kömek edip bilmersiňmi? Özümi söýüp, dileglerime jogap berýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». Beýleki dilegler — Rebbiň dileginiň beýleki mümkinçilikleri Hökman boldugyndan beýleki dilegleri goşup bilersiňiz. Başgaça aýdanymyzda, eger siz şu wagt öz çagaňyzyň Hudaýdan bagyşlama sorap, Oňa ynanmagyna öwredýän bolsaňyz, onda şol günüň agşamynda gürrüňdeşligiňiziň mowzugyna laýyk gelýän haýyş bilen dilegiňizi dolduryň. Bu «Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç» dileginiň çagalar üçin aýdylyşy bolýandyr ýa-da çaganyň öz ýetmezçiliklerini düzedip, özüni Hudaýyň isleýşi ýaly bolup bilmekligine kömek baradaky dilegidir. Netijede dilegi şeýle edip giňeldip bolýandyr: «Hudaýym, meniň öz doganym bilen oňat gatnaşyk edip bilmegime kömek et. Seniň erkiň boýunça hereket edip bilmegime kömek et we şonda özümiň dogry hereket etjekdigimi bilip bilerin». Dilegde hemişe gündelik mätäçlikler hakynda gürrüň etmelidigini ýadyňyzda saklaň. Eger şu wagt siz öz çagaňyza akýürekli bolmaklygy öwredýän bolsaňyz, onda şol günüň agşamynda ol Hudaýa: «Hemişe hakykaty aýtmaklygym hakynda maňa ýatladyp dur» diýip, dileg etmelidir. Ine, çaganyň ösüşine laýyklykda, onuň aýdyp biljek beýleki dilegleri: • Ýygnak hakyndaky dilegler («Patyşalygyň gelsin» jümlesiniň çagalar üçin aýdylyşy). Bu dilegler Hudaýyň erkiniň durmuşyň dürli taraplarynda ýerine ýetmegi hakyndadyr. Bu çagalaryň bir wagtlar duşuşan ýa-da olar hakda eşiden wagyzçylar üçin; garyndaşlary ýa-da entek mesihi bolmadyk dostlary üçin; Ýygnagyň köp adamlar hakynda alada edip bilmeklige ýagdaýynyň bolmaklygy üçin edilýän dileglerdir. Çagaňyzyň diri Hudaý bilen arkaýyn gürrüňdeşlidine kän üsn beriň. • Hökümet ýolbaşçylary üçin dilegler («Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» jümlesiniň çagalar üçin aýdylyşy). Bu dilegler çagalaryň boýun bolmaly adamlary hakyndadyr: ata-eneleri, mugallymlary, terbiýeçileri üçindir. Haçanda çagalar ulalanlarynda, prezident we watan üçin hem dilegleri goşuň. • Doganlary, garyndaşlary, dostlary we tanyşlary üçin dilegler («Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et» jümlesiniň çagalar üçin aýdylyşy). Çagalarymyzyň adaty we aýratyn ýagdaýlarda bolan wagtlarynda, Hudaýyň olara baştutanlyk edip, akyldarlyk bermekligi hakyndaky dilegler. Bu dilegler Hudaýyň Özüniň niýetlerini olaryň tanap bilmeklerine kömek etmekligi hakyndadyr. Hudaýyň Sözüni tanamaklyk we Onuň parzlaryna eýermeklik hakyndaky dilegler. Bu dilegleriň käbirleri çaganyň ýaşlygyndan başlap, özünden Hudaýyň Özüne bil baglamagyny we Onuň yzyna eýermegini talap edýändigine düşünmegine kömek edýändir. Eger çaganyň dilegleri diňe haýyşlardan durýan bolsa, onda ol dilegiň edil dükana barmaklyk ýaly işdigi hakyndaky pikir bilen ulalar. Ata-eneler bolan biz çagalarymyza hemişe olaryň Hudaýa bil baglamalydyklaryny, Oňa öz durmuşlaryny tabşyrmalydyklaryny we Onuň yzyna eýermelidiklerini ýatladyp durmalydyrys. Ynanmaýanlaryň halas bolmaklary üçin çagalarymyzyň öz işlerini edil Mesihiň bedeniniň agzasy we Onuň goşunynyň esgerleri hökmünde etmelidiklerini hakynda aýtmalydyrys. Bu zatlaryň ählisi hakynda çagalaryňyzyň dileg etmeklerine öwrediň we olar sazlaşykly durmuş bilen ýaşarlar, olarda Hudaý hakda, özleri hakda we özleriniň maksatnamalary hakynda dogry düşünje dörär. Ýöne bu teklibi ornaşdyrmaga gaty berk girişmeli däldigini ýadyňyzda saklaň. Ony gönükdirme hökmünde ulanyň we çagalaryňyzyň özleriniň gündelik mätäçlikleri hakynda dileg edip, şol bir wagtyň özünde akýürekli galmaklaryna gözekçilik ediň. Nähili hereket etmelidigini düşündiriň, onsoň çagaňyzyň diri Hudaý bilen arkaýyn gürrüňdeşlige ünsüni bermekligi üçin, ýuwaş-ýuwaşdan oňa azatlygy beriň. Çagaňyzyň ýene näme hakda dileg edip biljekdigini oňa aýdyp bilersiňiz. Emma ýadyňyzda saklaň — biziň şu wagta çenli gürrüňini eden haýyşlarymyzy we minnetdarlyklarymyzy çagaňyň her gün agşam dileglerinde gaýtalamaklygy hökman däldir. Diňe bir kynçylyga bagyşlanan dileg iň oňat dileg bolýandyr. Köplenç çagaňyz birnäçe aýratyn soraglaryň çözülmekligi hakynda dileg edýändir. Bu gaty gowy. Eger onuň dilegi dowamly we boş däl-de, gysga we manyly bolsa, has hem oňat bolar. Dileglerinde aň ýetirmeklik bilen ähli mätäçlikleri sanap geçmekligine kömek ediň. Näme hakda dileg etmelidigini onuň özüniň çözmegine mümkinçilik beriň. Şol bir haýyşlary ençeme gezek gaýtalamaň, çünki çaga üçin dileg etmeklik netijede ýüregedüşgünç bolar. Ony öňe gitmeklige ruhlandyryň we haçanda ol dileg üçin täze mowzuklary tapanynda, ony magtaň. Çaga dilegi hakynda goşgy «Men näme hakda dileg edýärin» diýlip atlandyrylan bu goşgy Rebbiň dileginiň «çagalar üçin aýdylyşynyň» birnäçe görnüşini öz içine alýar we olary Isanyň dileginde getirilişi ýaly tertipde getirýär, ýöne çagalar üçin has düşnükli görnüşde. Ol çaganyň näme hakda dileg etmelidigini ýatda saklamagyna kömek edýändir. Siz bu goşgyny çagaňyza gürrüň berip bilersiňiz, onsoň bolsa her gün agşam özüňiziň hemişekiňiz ýaly dileg etmeziňizden ozal ony çagaňyz bilen bilelikde gaýtalap bilersiňiz. Çaga üçin gyzykly bolary ýaly edip, ony labyzly okaň. (Bu goşgy hemme çagalara kömek etmez. Bireýýäm adýyp geçişimiz ýaly, ähli çagalaryň Hudaý bilen gatnaşyklary dürli-dürli ýagdaýda ösýändir). Men näme hakda dileg edýärin Hudaý bilen men gepleşip, Minnetdarlyk aýdýan Oňa. Ýygnak hakda dileg edip, Häkimlere berýän pata. Arzuwlarym aýdyp Oňa, Mesihde ösmek islärin. Söýgi bilen çyn ýürekden Halkym üçin dileg edýän. Hudaýyň baky ýolundan, Çykmazlyga dileg edýän. Eşidýär Ol — ynam edýän Dileglerme berer jogap. Dileg edýän: şeýle bolsun Isa Mesihiň adyndan! Omyn. Belki-de, çagalaryň käbirleri bu goşgyny ýat tutmak isläp, ony öz dileglerini gurnamaklyk üçin nusga hökmünde ulanar. Her agşam çagalaryňyzyň öz dileglerini özleriniň şahsy haýyşlary bilen doldurmaklaryna ruhlandyryň. Haçanda olar Hudaýa öz kynçylyklary hakynda gürrüň berenlerinde, mejbury halda däl-de, Onuň bilen dostlukly gepleşmeklerine kömek ediň. Ýaşy ulurak bolanlar üçin Agşamky dilegiň nusgasyny bu goşgudan «geçenler» üçin teklip edýäris. Bu edil Rebbiň dilegi we şu goşgynyň gurnalyşy boýunça düzülendir. «Gökdäki Atamyz, men Seni söýýärin. Men Seni gün-günden kän tanamaklygy isleýärin. Sen hemişe maňa gaty mähirlisiň. Maşgalam üçin we gitjek bolýan syýahatymyz üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Bizi gora we wagtymyzy şadyýan geçirmegimize kömek et. (Ine, size beren görkezmämden çykmaklygyň mysaly: bu gezek çagaňyz syhaýat üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýär; özüniň heniz amala aşyrmadyk işi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýändigi gaty gowy). Ýygnagymyz üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Ýaşlar toparynyň anna güni oňat çykyş etmegine kömek et. Indiki hepde hoş habarçylar üçin sadaka berip bilmegim üçin nädip pul gazanyp beljekdigimi maňa görkez. Hudaýym, eger meniň synpdaşlarym ýene-de pitne turuzsalar, onda şeýle ýagdaýda özüni nähili alyp barmaklygyny bileri ýaly mugallymyma akyldarlyk ber. Saýlawa gatnaşmaklary üçin ata-eneme akyldarlyk ber. Hudaýym, men tigrimi döwdüm. Ony oňaryp bilýän adamy tapyp bilmegime kömek et. Belki-de, men täze tigir satyn alyp bilerin? Meniň ýene-de Toýly bilen tigir sürüp bilerim ýaly bir zatlar et. Ertirki synaga oňat taýýarlyk görüp bilmegime kömek et. Her agşam çagalaryňyzyň öz dileglerini özleirniň şahsy haýyşlary bilen doldurmaklaryna ruhlandyryň. Okamaklygyma we ynamda ösmekligime kömek edýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin, eý, Hudaýym. Öz doganyma mähirli bolmalydygymy bilýärin. Haýyş edýärin, bu hakda maňa ýatladyp dur. Mukaddes Kitaba oňat düşünip bilmegime kömek et. Hudaýym, Toýly dostumyň kakasy täze iş tapmaga mätäçdir. Oňa kömek et. Mugallymymyň gaharlanmazlygy üçin Ýusubyň onuň bilen jedelleşmezligine kömek etmersiňmi? Men Seniň ýollaryňa eýermek isleýärin, çünki bu iň oňat ýoldur. Men lukman bolmak isleýärin, emma Seniň Özüňiň niýetiň bar, oňa düşünip, dogry saýlaw edip bilmegime kömek et. Dileglerimi eşidip, olara jogap berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Hawa, Meýlis hakynda eden dileglerime beren jogabyň üçin gaty minnetdardyryn. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». Jorj Mýulleriň ynamy Şu bölümiň başynda biz Jorj Mýulleriň ynamy hakynda gürrüň edipdik. 1853-nji ýylda Ýewropada ýetimleriň sany gaty ägirtdi, olar üçin niýetlenen edaralar bolsa olaryň hemmesini kabul edip bilmeýärdiler. Eger-de özi ýaly sada we garyp adamlar Hudaýa dileg edip, ýetimler üçin täze edaralary gurup bilsediler, onda çagalaryň Hudaýa bolan ynamlarynyň artjakdygyna Mýuller ynamlydy. Soňabaka ol özüniň niýetleri hakynda şeýle diýipdi: Elbetde, men Hudaýyň özümi ata-enelerini ýitiren betbagt çagalaryň ýagşylyklary üçin ulanmagyny çyn ýürekden isläp, ýüregimiň erki boýunça hereket etdim. Men Hudaýyň kömegi bilen ol çagalary uly durmuşa taýýarlamagy isledim. Men olary Hudaýyň gorkusynda terbiýelemek isledim, emma meniň işimiň esasy maksady Hudaýy şöhratlamak boldy (we bolýar). Ýetimler diňe biziň dileglerimiz we Hudaýyň çäksiz rehimdarlygyna bolan ynamymyz arkaly ähli gerek bolan zatlar bilen üpjün edildiler. Meniň özümem, işdeşlerimiň-de ýekejesi hiç bir adamdan kömek dilemediler we şeýlelik bilen Hudaýyň ynamdardygyny we öňküleri ýaly henizem dileglere jogap berýändigini subut etdik. (George Mueller, Answers to Prayer (Chicago: Moody, n.d.), 10.). Çagalaryň dilegleri we olaryň Hudaý bilen gürrüňdeşlikleri olaryň ynamlaryny berkedip, durmuşlaryny üýtgedýändir. Mýuller öz işini başlanynda, onuň ynamdan başga hiç zady ýokdy. Ol tölegi inkär etdi we hiç haçan-da, hiç kimden ýekeje-de teňňe soramady. Bütin durmuşynda onuň elinden sekiz million dollar geçdi, şol wagtlar bu gaty uly puldy. Özi baý bolman, ol tiz wagtyň içinde ýetimler üçin bäş edarany gurdy. 1870-nji ýyla çenli ýetginjekler öýünde iki ýüz müň çaga ýaşady. Mýuller hiç haçan hem karz almady we ýetimleriňdir özüniň mätäçliklerini Hudaýyň kanagatlandyrjakdygyna elmydam ynanýardy. Mýulleriň ýetimler öýleriniň hemişe öz wagtynda ýetimleriň mätäçlikleri hakynda hiç zat bilmedik adamlardan kömek alandygy biziň ynamymyzy hem berkitmäge ukyplydyr. Hudaý hiç haçan hem Jorj Mýulleri taşlamady. Mýuller Hudaýa diňe bir pul we maddy taýdan aladalary däl-de, eýsem ýetim çagalary tapmaklygy, işçileri taýýarlamaklygy, ýetimler üçin jaýlary gurmaklygy, çagalara ruhy we dünýewi bilim bermekligi-de Hudaýa ynandy. Ýetimler edaralarynda bilimiň derejesi şeýle bir beýikdi welin, hatda Mýulleri onuň garyplary beýgeldip, demir çykaryjy kärhanalary işçi güýjünden mahrum etmeklikde aýyplapdylar. Her bir terbiýelenýän çaga kesp-hünäre öwredilýärdi we ýetimler jaýynda çykany dessine işe ýarawly adam bolýardy. Jorj Mýulleriň guramasynyň hatarynda diňe bir ýetimler üçin edaralar däl, eýsem Angliýada, Italiýada, Ispaniýada we Günorta Amerikada ýerleşen ýetmiş sany mekdepler hem bardy. Ol mekdeplerde ýedi müň okuwçylar okaýardylar. Onuň guramasy hepdede ýüz müňläp kitapçalar we Mukaddes Kitap çap edýärdi. Onuň täsin niýetleriniň amala aşmagy netijesine Angliýada we beýleki ýurtlarda on müňlerçe adamlar mesihiler boldular. Hawa, çagalaryň dilegleri we olaryň Hudaý bilen gürrüňdeşlikleri olaryň ynamlaryny berkedip, durmuşlaryny üýtgedýändir. Jorj Mýuller Hudaýyň diri Hudaýdygyny, Onuň dileglere jogap berýändigini, Onuň ynamdardygyny we Oňa bil baglap bolýandygyny adamlara görkezmek isläpdi. Özüniň durmuşy we dilegleri bilen Jorj Mýuller muny subut etdi. Iň esasy zat — bu biziň çagalarymyzyň dilegi öz durmuşlarynyň esasy etmekleridir. Ençeme ýyllaryň içinde Awraam Linkoln dilege edil iň soňky serişde hökmünde ýüz tutupdy. Ýöne onuň dilegiň durmuşyň esasy bolmalydygyna düşüneninden soň, Hudaý ony we onuň dileglerini öz ýurdunyň taryhynyň iň garaňky döwürlerinde amerikalylara kömek etmeklik üçin ulandy. Şeýdip Jorj Waşington Karwer hem ýaşlygyndan başlap täsin üstünliklere ýetipdi, çünki ol diňe Hudaý bilen gürrüňdeşligiň özümiziň kim we nähili boljakdygymyzy kesgitleýändigini bilipdi. Men siziň öz çagalaryňyz üçin Jorj Mýuller bolmagyňyz, öz durmuşyňyz bilen dilegiň maksadyny we mümkinçiliklerini olara görkezip bilmegiňiz üçin dileg edýärin. Siziň şu wagt nirede bolýandygyňyza seretmezden, Hudaýyň sizi edil Awraam Linkolnyň durmuşynda bolşy ýaly, dilegiň durmuşyňyzyň esasynyň we ýeke-täk umydyňyzyň boljak ýerine alyp barjakdygyna umyt edýärin. Ahyrynda, çagalaryňyzyň edil Jorj Waşington Karwer ýaly Hudaý bilen gürrüňdeş bolup, işlerinde üstünlikli bolmaklary üçin olary dileg etmelige öwredeniňizde, Hudaýyň özüňize we çagalaryňyza baştutanlyk etmekligi hakynda dileg edýärin. Soraglar 1. Nämede dileg gürrüňdeşlige mezşeýändir? Nämede ol ondan tapawutlanýandyr? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 2. Size haýsy kän ýaraýar: ýat tutulan dilegleri aýtmaklykmy ýa-da öz islegiňiz boýunça dileg etmeklik? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Öz çagalaryňyz hakynda näme diýip bilýärsiňiz? Olar nähili dileg edýärler? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 3. Çagalaryňyz bilen bilelikdäki dilegleriňizi has sazlaşykly we hereketjeň etmeklik üçin siz olary nädip üýtgedip bilersiňiz? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ 4. Siziň pikiriňizçe, haýsy ýagdaýlarda taýyn dileglerden peýdalanyp bolýandyr? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Haýsy ýagdaýlarda Hudaý bilen mejbury bolmadyk gürrüňdeşligi girizip bolar? __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ Dileg durmuşynyň wajyp esaslary • Diňe nähilidir bir kynçylyk ýüze çykanda däl-de, her gün Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklyk. • Dileg etmeklik bilen, Hudaýyň Kimdigini we Onuň tebigatynyň nähilidigini ýadyňda saklamaklyk. (Mysal üçin, Onuň gysganç bolmaklygy üçin dileg etmezlik!) • Mukaddes Kitabyň özümize buýurýan zatlary hakynda dileg etmeklik. • Dileglerimize jogap bermekligi bilen Hudaýyň biziň däl-de, Özüniň erkini ýerine ýetirmekligi hakynda soramaklyk. Oňa ynanmaklyk, Ol bizden artyk bilýändir! • Ynamym nähili diýip özümizden soramaklyk. Eger ol gowşak bolsa, onda ony Hudaýyň berkitmegini soramaklyk. • Hudaýa minnetdarlyk bildirmekligi ýatdan çykarmazlyk. Hudaý minnetdarlyk dileglerini halaýandyr. • Ruhdan düşmezlik. Hiç zada seretmezden dileg etmeklik. Hatda biz görmänimizde-de, Hudaý hemişe hereket edýändir. Ýatdan çykarmaň • Siz bilen Hudaýyň arasynda günä durup bilýändir. Dileg wagtynda ähli günäleriňiz üçin (giňişleýin) toba ediň we bagyşlama soraň. • Özüňiziň göwnüňize degen adamlary bagyşlaň. Munda Hudaýyň özüňize kömek etmegini soraň. Ol munuň neneň kyndygyna düşünýändir. Dileg üçin mowzuklar • Şu kitaby okap, ähli öwrenen zatlaryňyz üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. • Kabul eden bilimleriňizi özüňiziň hususy dileg durmuşyňyzda we çagalaraňyzyň dileg durmuşlarynda ulanyp bilmegiňiz üçin Hudaýdan kömek soraň. • Dilegde özüňizi we çagalaryňyzy öwretmekligini dowam etdirmegi hakynda Hudandan haýyş ediň. Çaganyň dilegi «Gökdäki Atam, özüme dileg etmekligi öwredýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Şu kitapda dilegleri ýazan adamlar üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Bu dilegleri men nusga hökmünde ulanyp bilýän. Men ulalanymda, oňat dileg edip bilmegime öwret. Isa Mesihiň ady bilen, omyn». Maslahat berilýän edebiýatlar Çagalar üçin Bowler K. Christie. The Amazing Treasure Bible Storybook. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1997. (Ages 8–12) Osborne Rick, with Ed Strauss and Kevin Miller. Kidcordance. Grand Rapids, MI: Zonderkidz, 1999. (Ages 8–12) Osborne Rick, with K. Christie Bowler. I Want to Know About the Bible. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About God. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About Jesus. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About Prayer. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About the Church. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About the Holy Spirit. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998 (Ages 8–12) ____ I Want to Know About the Ten Commandments. Grand Rapids, MI: Zonderkidz, 1998. (Ages 8–12) ____ I Want to Know About the Fruit of the Spirit. Grand Rapids, MI: Zonderkidz, 1999. (Ages 8–12) Osborne Rick, and Elaine Osborne. The Singing Bible. Wheaton, IL: Tyndale, 2000. (Audiotape; ages 2–7) van der Maas, Ed M. Adventure Bible Handbook. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1994. (Ages 8–14) The NirV Kids’ Quest Study Bible. Grand Rapids, MI: Zondervan, 1998. Ata-eneler üçin Burkett Larry and Rick Osborne. Financial Parenting. Colorado Springs, CO: Chariot, 1996. Your Child Wonderfully Made. Chicago, IL: Moody, 1998. Lucas Daryl J., gen. ed. 105 Questions Children Ask About Money Matters. Wheaton, IL: Tyndale, 1997. Osborne Rick. Talking to Your Children About God. New York: HarperSanFrancisco, 1998. ____ Teaching Your Children How to Pray. Chicago, IL: Moody, 2000. Osborne Rick, with K. Christie Bowler. Your Child and the Christian Life. Chicago, IL: Moody, 1998. Osborne Rick, with Kevin Miller. Your Child and the Bible. Chicago, IL: Moody, 1998. Your Child and the Jesus. Chicago, IL: Moody, 1999. Trent John, Rick Osborne, and Kurt Bruner, gen. eds. Parents’ Guide to the Spiritual Growth of Children. Wheaton, IL: Tyndale, 2000. Veerman David R. et al. 101 Questions Children Ask About God. Wheaton, IL: Tyndale, 1992. ____ 102 Questions Children Ask About the Bible. Wheaton, IL: Tyndale, 1994. ____ 103 Questions Children Ask About Right from Wrong. Wheaton, IL: Tyndale, 1995. ____ 104 Questions Children Ask About Heaven and Angels. Wheaton, IL: Tyndale, 1996. ____ 106 Questions Children Ask About Our World. Wheaton, IL: Tyndale, 1998. ____ 107 Questions Children Ask About Prayer. Wheaton, IL: Tyndale, 1998. ____ 108 Questions Children Ask About Friends and School. Wheaton, IL: Tyndale, 1999. ____ 801 Questions Kids Ask About God. Wheaton, IL: Tyndale, 2000. Bellikniň 1. Şatlygyňyz dolup-daşar — käbir terjimelerde «şatlygyňyz kämil bolar». — Terjimesiniň belligi.