«Maksada okgunly durmuş» — bu XXI asyryň mesihileri üçin gollanmadyr, häzirki zamanda moda bolan akymlara däl-de, Hudaýyň ebedi maksatlaryna esaslanan durmuşyň suratlandyrylmasydyr. Bu kitap 1200-den gowrak Mukaddes Kitap aýatlarynyň we Ýazga salgylanmalaryň kömegi bilen neslimizi umumy kabul edilen kesgitlemelerine, mesihilik gatnaşyklaryna, şägirtçilige, gulluga we Hoş Habary wagyz edilişine tankydy nazar bilen seretmäge bizi mejbur edýär. Amerikaly ruhy çopan Rik Uorreniň bu kitaby umytdan we hereket etmäge çagyryşdan doludyr.
Rik Uorren
MAKSADA OKGUNLY DURMUŞ
Men näme üçin şu ýerde — bu dünýädekäm?
Peýdaly we gerek bolan syýahat
Bu kitap size bagyşlanylýar.
Hudaý durmuşyňyzdaky
Men ýüzlerçe ýazyjylara we mugallymlara, klassiklere we döwürdeşlerime öz durmuşymyň häzirkisi ýaly bolmagyna we şu hakykatlary özleşdirmäge kömek edendikleri üçin minnetdardyryn. Şu zatlaryň hemmesini siziň bilen paýlaşma hormatynyň özüme miýesser edendigi üçin men Hudaýa hem-de size minnetdardyryn.
Bu ýöne bir kitap däldir. Bu
ÖŇÜMIZDÄKI KYRK GÜN
Şu günki günlerde adam durmuşynyň dowamlylygy ortaça 25 550 gün bolýar. Eger siz adaty, ortaça adam bolsaňyz, onda takmynan şonça gün ýaşaýarsyňyz. Hudaýyň özüňizi näme çagyrýandygyna düşünmek üçin özüňize ölçelip goýlan ýyllaryň kyrk gününi aýratyn goýsaňyz peýdaly bolarmydy?
Hudaýyň nazarynda kyrk günlük wagt böleginiň ruhy babatda örän ähmiýetlidigini Mukaddes Kitap bize aýdyň düşündirýär. Her gezek Hudaý adamlaryny Öz maksatlaryny amala aşyrmaga taýýarlanynda, Ol muny kyrk günüň dowamynda edýär.
• Kyrk günläp ýagan silden soň Nuhuň durmuşy üýtgedi.
• Musa kyrk günläp Sinaý dagynda bolandan soň, düýbünden başga adam bolýar.
• Içalylar Wada Berlen Ýurdy görüp gelenlerinden soňky kyrk günüň içinde üýtgediler.
• Jaludyň ysraýyl esgerlerini söweşe çagyran kyrk gününden soň, Dawudyň durmuşy diýseň üýtgeýär.
• Hudaýyň beren ýekeje nahary bilen hem bedeniň güýji saklanylan kyrk gündünden soň, Ylýas täzeçe bolup üýtgedi.
• Hudaý özlerine toba gelmek üçin kyrk gün berende, Ninewiýanyň halky üýtgeýär.
• Isa çölde geçiren kyrk gününden soň, berkedi-de, gullugy üçin güýç aldy.
• Şägirtler Isa ölümden direlenden soňky kyrk gününi özleri bilen bile geçirenden soň, doly üýtgediler.
Öňümizdäki duran kyrk gün hem
Bu kitap kyrk sany gysgaça bapdan ybaratdyr. Okan zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanmalydygy hakda
Kähalatlarda kitap bizde isleýän miwäni öndürmeýär. Munuň sebäbi-de, indiki baby okamaga howlugyp, birazajyk saklanyp, eýýäm okan zatlarymyzyň üstünde azda-kände oýlanmak hakda pikir etmeýändigimizdedir.
Men bu kitaby diňe bir
OKYJYLARA KÖMEK
Her babyň ahyrynda «Özümiziň durmuşy wezipämiziň üstünde oýlanyp» atly ýörite bölüm bar. Ol ýerde siz şulary taparsyňyz:
• Oýlanmak üçin hakykat. Gysgaça beýan edilen bu hakykatda maksada okgunly durmuşyň prinsipleriniň biri bolar. Onuň üstünde bütin günläp oýlanmak mümkindir. Pawlus Timoteosa: «Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer“ (2 Timoteos 2:7) diýýär.
• Ýat tutmaly aýat. Bu aýat hem size okan babyňyzdaky hakykatlaryň birini ýatladar. Eger siz durmuşyňyzy gowy tarapa üýtgetmegi berk ýüregiňize düwen bolsaňyz, iň möhüm gazanan zatlaryňyzyň biri-de, Mukaddes Ýazgyny ýat tutmagy ýatlama endigi bolar. Şol aýatlary siziň özüňiz kiçijik kartoçkalara ýazyp bilersiňiz ýa-da, eger mümkinçilik bolsa, eýýäm taýýar görnüşde ýygnakdan ýa-da mesihilik dükanlaryndan satyn alyp hem bilersiňiz.
• Oýlanmak üçin sorag. Munuň ýaly soraglar okan zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanmalydygy we bu zatlaryň hemmesiniň özüňize nähili dahylynyň bardygy hakda pikirlenmäge ýardam eder. Şol soraglara beren jogaplaryňyzy ýa-da kitabyň sahypasyndaky açyk ýere, ýa-da ýörite tutulan bloknoda ýazmagy maslahat berýärin. Mundan başga-da,
Biz 1-nji goşundyda aşakdakylary ýerleşdirdik:
• Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar. Bu kitaby kyrk günüň dowamynda özüňiz bilen bile okar ýaly, bir ýa-da birnäçe dostuňyzy çagyrmaklygy men talap edijilikli maslahat berýärin.
Öz durmuşy wezipäňize akyl ýetirmäge size kömek etmäniň iň gowy täri — bu Mukaddes Kitaba özi üçin özüniň gürlemegine ýol bermekdir. Şonuň üçin bu kitapda Mukaddes Ýazga köp salgylanylýar. Bu kitapda Mukaddes Ýazgydan müňe golaý dürli aýatlar saklanylýar. Bu kitapda Mukaddes Ýazgynyň dürli terjimeleriniň näme üçin ulanylandygy 3-nji goşundyda düşündirilýär.
MEN SIZIŇ ÜÇIN DOGA ETDIM
Kitabyň üstünde işlän döwrümde men siziň üçin köp doga etdim. Men bu kitabyň sahypalarynyň üstünde oýlananymda, siziň adaty bolmadyk umydy, güýjiň we şatlygyň özüňize guýlanyny duýmagyňyz üçin doga etdim. Munuň ýaly duýgy adamyň ýüreginde birden özüni Hudaýyň biziň planetamyzda näme üçin ýerleşdirendigine düşünende peýda bolýar. Bu düýbünden üýtgeşik duýgudyr! Men siziň üçin şatlanýaryn, sebäbi durmuşyňyzda nähili ajaýyp üýtgeşmeleriň boljakdygyny bilýärin. Meniň özümem birwagtlar bu zatlary başdan geçiripdim. Şonda Hudaýyň öz durmuşym üçin bellän wezipesi meni hemişelik üýtgetdi.
Syýahatdan soň size nähili haýran galdyryjy hasylyň garaşýandygyny göz öňüne getirip bilýändigim üçin oňa öňüňizdäki kyrk günde özüňizi bagyş etmegiňizi we ýekeje güni hem sypdyrmazlygyňyzy haýyş edýärin. Siziň ýaşaýşyňyz öz üstünde oýlananyňyza degýändir. Öz gün tertibiňize bu kitaby okamaly wagtyňyzy giriziň. Eger şu ruhy syýahaty etmäni ýüregiňize berk düwen bolsaňyz, geliň, bagyş edilme ähtine bile gol çekeliň. Borçnamanyň aşagyna öz eliňiz bilen gol çekmekde aýratyn bir ähmiýetli zat bardyr. Eger bu kitaby dostuňyz bilen bile okasaňyz, onda, goý, ol hem gol çeksin. Onda näme, geliň, başlalyň!
Meniň bagyş edilme ähtim
Men öňdäki kyrk güni Hudaýyň kömegi bilen Hudaýyň öz durmuşym üçin bellän maksadyny açmaklyga bagyş edýärin.
______________________________________________
Siziň adyňyz
______________________________________________
Dostuňyzyň ady
______________________________________________
Rik Uorren
Wagyz kitaby 4:9–11
MEN NÄME ÜÇIN ŞU ÝERDE — BU DÜNÝÄDEKÄM?
Baýlygyna baýrynýan ýykylar; dogrular bolsa, ýaşyl ýaprak kimin öser.
Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly! Ol suwalryň ýakasynda ekilen agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssy düşende gorkmaz, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Guraklyk ýylynda gaýgylanmaz, miwe bermekden galmaz.
1-nji gün
Hemme zat Hudaýdan başlanýar
Koloseliler 1:16
Bertran Rassel (ateist)
Gep asla siziň özüňizde däldir.
Siziň durmuşyňyzyň manysy şahsy islegleri kanagatlandyrmakdan, ruhy deň agramlylykdan, hatda şahsy bagtyňyzdan-da has giňişräkdir. Ol maşgalaňyzdan-da, işiňizden-de, hat-da has belentde tutýan fantastiki arzuwlaryňyzdyr egoistiki pikirleriňizden-de ähmiýetlidir we beýikdir. Eger özüňiziň bu planetada näme maksat bilen peýda bolandygyňyzy bilmek isleýän bolsaňyz, onda Hudaýdan başlamak gerekdir. Siz
Durmuşyň manysyny gözlemeklik eýýäm köp müňýyllyklardan bäri adamlary alada goýup gelýär. Bu zatlaryň hemmesiniň sebäbi olaryň nädogry başlangyç nokadyndan, has takygy öz-özlerinden daşlaşýandyklaryndadyr. Biz:
Bir gezek men dagda azaşdym. Men öz bolýan lagerimiň ýoluny soramak üçin saklananymda, maňa:
Köpler Hudaýy öz-özüni açmaklygyň serişdesi hökmünde ulanmaga synanyşýarlar, ýöne bu wakalaryň tebigy ýol bilen gidişine doly garşy bolýar. Şol sebäpli-de, şowsuzlyga duçar bolýar. Biz başga zat üçin däl-de, Hudaý üçin ýaradyldyk. Ýaşaýyş hem, Hudaýy öz bähbitlerimiz üçin ulanmakda däl-de, Hudaýa bizde we biziň üstümiz bilen Öz maksadyny ornaşdymaga rugsat bermekde jemlenendir. Mukaddes Kitapda:
Men durmuşyň manysyny gözlemegiň her hili usullaryny teklip edýän birgiden kitaby okadym. Olaryň hemmesini-de «öz-özüňe kömek et» diýip atlandyrmak bolar, sebäbi olar egosentrik nukdaýnazardan şu soraga alyp barýar. Özüň öwrenmeklige we özüňi kämilleşdirmeklige niýetlenilen bu gollanmalar (hatda mesihi gollanmalar-da) adatça öňünden doly aýdyp bolaýjak ädimleri suratlandyrýarlar. Şol ädimleriň kömegi bilen öz durmuşyňa niýetlenen wezipäni bilmek bolýar. Öz arzuwlaryňyzy formulirläň. Öz gymmatlyklaryňyzy takyk kesgitläň. Öz öňüňizde maksat goýuň. Özüňize nämäniň has gowy başardýandygyny ýadyňyza salyň. Ýokary dyrmaşmakdan gorkmaň. Tertip-düzgünli boluň. Öňde goýan maksadyňyza ýetjekdigiňize ynanyň. Başga adamlar bilen hyzmatdaşlyk ediň. Hiç haçan elleriňizi sowatmaň.
Elbetde, munuň ýaly maksatlar gowy netijelere ýetmäge az kömek etmeýär. Adatça, eger maksadymyza tarap çynlakaý okdurylýan bolsak, onda oňa üstünlikli ýetýändiris. Emma üstünlik gazanmaklyk we durmuşdaky wezipäňi ýerine ýetirmeklik
Bu kitap özüňi kämilleşdirmek boýunça gollanma däldir. Munda göwnüňe laýyk işi nädip tapmalydygy, birwagtky arşuwyňy nädip amala aşyrmalydygy we durmuşyňy nädip gowrak planlaşdyrmalydygy barada gürrüň gitmeýär. Bu kitap öňdenem püre-pür bolan iş tertibiňe ýene-de köpräk iş goşmalydygyny öwretmeýär. Tersine, ol durmuşda azrak iş edip, diňe iň wajyp zatlara üns bermelidigini öwredýär. Bu kitap Hudaý özümizi nähili adam edip ýaradan bolsa, şonuň ýaly hem bolmalydygymyza bagyşlanandyr.
Onda özümiziň näme üçin ýaradylandygymyzy nädip kesgitlemeli? Diňe iki ýol bardyr. Çaklamalara we pikiriňde oýlanmalara berlip bolýandyr. Ýogsa-da, adamlaryň köpüsi şonuň ýaly edýär. Olar çaklamalary gurýarlar, gipotezalary we teoriýalary öňe sürýärler. Kimdir biri: «Men hemişe durmuşyň manysy ondadyr, mundadyr öýdýärdim» diýende, ol adatça takmynan: «Bu meniň çaklap biläýjek iň gowy zadym» diýen zady göz öňünde tutýar.
Eýýäm köp müňýyllyklardan bäri adamzadyň iň güýçli aňlary durmuşyň manysy barada pikirlenýärler we jedelleşýärler. Filosofiýa zerur predmetdir. Ol adamlara az peýda getirmeýär, ýöne gürrüň durmuşyň manysy we maksady hakda gidende, hatda iň akylly filosoflar hem diňe çaklamalary gurup we gipotezalary öňe sürüp bilýär.
Bir gezek Illinoýsdaky uly uniwersitetleriň biriniň professory bolan doktor Hýu Morhed meşhur filosoflara, ýazyjylara we akyldarlara, garaz 250 adama «Durmuşyň manysy nämede?» diýen şol bir soragy berip hat ýazypdyr. Soňrak ol olaryň jogaplaryny aýratyn bir kitap edip çykarýar. Sorag-jogap edilenleriň köpüsi oňa özleriniň has şowlurak çaklamalaryny iberipdir. Beýlekileri bolsa, özbaşlaryna özleri üçin durmuşyň manysyny oýlap tapypdyrlar. Üçünjileri bolsa adam ýaşaýşynyň hakyky manysy barada hiç hili düşünjeleriniň ýokdugyny dogruçyllyk bilen boýun alypdyrlar. Bu paýhasly adamlaryň käbirleri doktor Morhedden eger öz soragyna jogap tapsa, onda hökman goýbermegini haýyş edipdirler.
Bagtymyza, durmuşyň manysy hem niýetlenmesi barada hyýaly oýlanmadan başga-da bir ýol bardyr. Bu
Hudaý çaklamalaryň ugruna kowup, bizi garaňkylykda taşlamady. Ol Mukaddes Kitapda adam durmuşynyň maksadyny aýdyň açdy. Men şolardan bäşisini saýlap alýaryn, sebäbi bu kitapda biz şol hakda-da gürrüň ederis. Mukaddes Kitap — bu Ýaradyjymyz tarapyndan ýazylan düzgünnamadyr. Onda biziň näme üçin ýaşaýandygymyz, durmuşyň nähili gurlandygy, nämeden gaça dursaň gowy bolýandygy, geljekde nämä garaşmalydygy düşündirilýär. Bu kitapda özbaşdak öwrenmek boýunça kitaplaryňam, gollanmalaryňam hiç haýsysynyň öwredip bilmeýän zady hakda gürrüň berilýär. Mukaddes Kitapda:
Hudaý — bu diňe bir biziň durmuşymyzyň manysynyň ýeke-täk hakyky ölçegi däl-de, eýsem, onuň
1. Isa Mesih bilen gatnaşyk arkaly öz «meniňi» edinmek we durmuşdaky wezipäňi bilmek bolar. Eger sizde entek Isa Mesih bilen gatnaşyk ýok bolsa, onda gatnaşygy nädip tapmalydygyny birneme soňrak düşündirerin.
2. Hudaý siz hakda Özi barada ilkinji gezek pikir edeniňizden has öň pikirlenip başlapdy. Siziň durmuşyňyz babatdaky wezipe ejeňiziň göwresinde peýda bolmazyňyzdan has öň bärdy. Hudaý hemme zady siz dünýä inmänkäňiz planlaşdyryp goýdy. Ol muny
3. Durmuşyňyzyň manysy we maksady Hudaýyň has uly, hemme zady öz içine alýan, bakyýete çenli uzalyp gidýän maksadynyň bir bölegi bolup durýandyr. Bu kitap hut şoňa hem bagyşlanandyr.
Rus ýazyjysy Andreý Bitow ateistiki kommunist režiminde ösüp-ulalýar. Ýöne Hudaý tutuk hem içgysgynç günleriň birinde barybir onuň ünsüni eýeleýär. Ol: «Ýigrimi ýedi ýaşymdakam, men Leningrad (häzir Sankt-Peterburg) metrosyndan gidip barýarkam, meni birden çeni-çägi bolmadyk sustupeslik gurşap aldy-da, ýaşaýyş saklanyp, geljegem ýöne bir ýitip giden ýaly boldy. Geljegiň manysy barada-ha gürrüňem ýok. Şonda birden öz-özünden: «Hudaýsyz durmuş ähli manydan mahrum bolýandyr» diýen jümle peýda boldy. Haýran galmadan ýaňa bu sözler gaýtalap, edil eskalatoryň lentasyna çykan ýaly, olaryň üstüne böküp çykdym-da, ýokary gitdim. Soň metrodan çykyp, Hudaýyň nuruna girdim?»[1] diýip ýatlaýar.
Belki, size-de durmuşyň manysy niredendir bir ýerde garaňkylykda gizlenip ýatan ýaly, ony gözläp tapmak mümkin däl ýaly bolup görnen bolmagy mümkin. Onda näme, men sizi gutlaýaryn: siz ine diýmän nura çykýarsyňyz.
Oýlanmak üçin hakykat: Gep asla mende däldir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Özümi gurşap alan reklamalara garamazdan, esasynda özümiň özüm üçin däl-de, Hudaý üçin ýaşaýandygymy özüme her gün nädip ýatladyp bilerin?
2-nji gün
Siz dünýä tötänden inmediňiz
Işaýa 44:2a
Albert Eýnşteýn
Siz tötänden dünýä inmediňiz.
Siziň dünýä inmegiňiz bilmezlikde goýberilen ýalňyşlyk ýa-da betbagt tötänlik däldir. Belki, ene-ataňyz sizi dünýä indermegi planlaşdyran däldir, ýöne Hudaý muňa jinnek ýalyjagam geň galmady, gaýtam, siziň dogularyňyza garaşdy, sebäbi siz Onuň maksatlarynda hemişe bardyňyz.
Ejeňiziň göwresinde emele gelmeziňizden köp wagtlar öň siz Hudaýyň aňynda peýda bolupdyňyz. Ol siz hakda ilkinji bolup pikirlenipdi. Şonuň üçin häzir özüňiziň ýaşaýandygyňyz, dem alýandygyňyz asla ykbalyň oýny, duýdansyz gelen üstünlik we ýönekeý gabat gelme dälsiňiz. Siziň ýaşaýandygyňyzyň sebäbi, Hudaýyň özüňizi ýaratmak isleginiň bolandygyndadyr. Mukaddes Kitapda:
Hudaý siziň fiziki keşbiňiziň her bir bölejigini öňünden belledi. Ol siziň jynsy degişliligiňizi, teniňiziň reňkini, saçyňyzyň reňkini we beýleki zatlaryňyzyň hemmesini bilip saýlady. Ol sizi aýratyn edip, özüňizi nähili görnüşde görmek islän bolsa, şol görnüşde hem ýaratdy. Ol özüňizde bar bolan tebigy zehinleriňizi-de öňünden belledi we sizi özbaşyňyza bir aýratyn şahsyýet edip goýdy. Ýazgyda:
Hudaýyň sizi ýöne ýere däl-de, aýratyn maksat bilen ýaradandygy sebäpli, Ol doguljak
Hudaý siziň
Siziň dünýä nädip injekdigiňizi-de Hudaýyň öňünden planlaşdyryp goýmagy has-da aklyňy haýran edýän zatdyr. Doglanyňyzda nähili ýagdaýlar bolmalydygyny, kimiň ene-ataňyz bolmalydygyny Hudaý bilgeşleýin planlaşdyrdy-da, sizi dünýä inderdi. Ene-ataňyzyň özüňiz üçin nähili ene-ata, ýagny olaryň ajaýyp ýa-da gaty erbet bolandyklarynyň, tapawudy ýok. Belki, siz olary hiç haçanam gören dälsiňiz. Barybir hut şol iki adamda siz ýaly ýeke-täk adamy ýaratmak üçin zerur bolan genetik sazlaşygyň bardygyny Hudaý bilip, sizi öňden oýlap tapyşy ýaly görnüşde ýaratdy. Siziň ene-ataňyzda gerek bolan şonuň ýaly DNK bardy. Şonuň kömegi bilen hem Hudaý sizi dünýä indermegi niýet etdi.
Köp ene-atalar nika baglary bilen baglanyşyksyzlygyna galsalar-da, ýagty jahanda binika doglan çaga ýokdur. Köp çagalar öz ejeleriniň we kakalarynyň planyna girmeýärdiler, ýöne bu olaryň
Hudaý hiç zady-da tötänden edýän däldir we hiç haçan ýalňyşýan däldir. Onda älemdäki hemme zat üçin ajaýyp maksat bilen degerli sebäp bardyr. Onda her bir ösümlik, her bir daş, her bir haýwan we her bir adam babatda maksat bardyr. Sizi bolsa Ol söýýändigi üçin ýaratdy. Ýazgyda:
Ol siz hakda entek dünýäni ýaratmazyndan
Hudaý çak bilen hereket edýän däldir. Ol hemme zady beýikden-beýik takyklyk bilen planlaşdyrandyr. Fizikler, biologlar we beýleki alymlar älemi öwrendikleriçe, onuň biziň ýaşamagymyz üçin näderejede ajaýyp laýyk getirilendigine, içinde adam jany emele gelip ýaşap biler ýaly, hemme zadyň
Täze Zelandiýa uniwersitetleriniň biriniň uly ylmy işgäri doktor Maýkl Denton: «Biologiki ylymlarda bar bolan maglumatlaryň hemmesi kosmosyň bilgeşleýin bitewi edip ýaradylandygy, ýörite adam ýaşaýşy üçin niýetlenendigi baradaky bir merkezi pikiri goldaýarlar. Biziň älemimiziň ähli aýratynlyklary hut şu fundamental faktda öz manysyna we maksatlaryna eýe bolýar»[2] diýen netijä gelipdir. Mukaddes Kitapda-da birnäçe müňýyllyklar mundan ozal edil şu zatlar aýdylypdyr:
Ol bu zatlaryň hemmesini näme üçin ýaratdyka? Biziň üçin älemi ýaradyp, zähmet çekmek Oňa nämä gerek bolduka? Sebäbi Ol söýgi Hudaýydyr. Munuň ýaly ägirt söýgini göz öňüne getirmek gaty kyn zat, ýöne şonda-da bu zatlaryň hemmesi şeýledir. Siz ýagty jahana Hudaýyň özüňizi söýmegi üçin indiňiz. Biz hut şu hakykatyň üstünde hem öz durmuşymyzy gurmalydyrys.
Mukaddes Kitapda
Hudaý bolmasa biziň hemmämizem bary-ýogy «tötänlik» bolardyk, bitertip kosmiki «ruletjigiň» ägirt uly ölçegli miweleri bolardyk. Eger ol şeýle bolan bolsa, bu kitaby okamanyň hiç hili manysy bolmazdy, sebäbi durmuş şonuň ýaly gurlanynda, oňa maksadam, wezipe-de, ähmiýetem gerek bolmazdy. Dünýäde hiç hili gowy zadam, erbet zadam bolmazdy. Adamda ýerdäki gysgajyk ýaşaýyşdan başga hiç hili umyt asla bolmazdy.
Ýöne Hudaý
Oýlanmak üçin hakykat: Men ýagty jahana tötänden inmedim.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men Hudaýyň özümi aýratyn we gaýtalanmaz edip ýaradandygyny bilýärin. Bu zatlary aňyma kabul etsemem, barybir öz şahsyýetimiň, terbiýämiň, geçmişimiň ýa-da daşky sypatymyň haýsy ugurlaryny kabul etmek maňa kyn düşýär?
3-nji gün
Näme siziň durmuşyňyzyň herekete getiriji güýji bolup durýar?
Wagyzçy kitaby 4:4
Tomas Karlaýl[3]
Biziň her birimiziň durmuşymyzda nähili-de bolsa bir herekete getiriji zat bardyr.
Sözlükleriň köpüsi
Belki, edil şu pursatda sizi haýsydyr bir derwaýys mesele, gaýragoýulmasyz we wajyp iş ýa-da haýsydyr bir proýektiň tabşyrylmaly soňky möhleti herekete getirýändir. Belki, sizi geçmiş hakdaky ýatlama, geljegiň öňündäki gorky ýa-da entek şu wagta çenli bilgeşleýin beýan etmedik haýsydyr bir aýdylman ýatan pikirler herekete getirýändir. Müňlerçe ýagdaýlar, gymmatlyklar we duýgular durmuşyňyzyň esasy islegi bolup biler. Men şu ýerde olaryň iň giňden ýaýran bäşisini sanap geçerin.
Köp adamlary günä duýgusy herekete getirýär. Olar bütin ömrüne ökünçden gaçmaga we öz utanjyny gizlemäge synanyşyp ýörýärler. Günä duýgusy bilen herekete gelýän adamlar ýatlamalaryň basyşy astynda hemişe öz häzirki döwrüne we geljegine agalyk etmeklige ýol berýärler. Olar näme edýändiklerine düşünmän, akyl ýetirmezden özlerini «urgy astyna goýýarlar» we öz üstünligine özi badak atyp, özlerini jezalandyrýarlar. Kabyl günä edende, günä onuň özi bilen Hudaýyň barlygynyň arasynda durdy. Şonuň üçin hem Hudaý oňa: «Sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň» (Gelip çykyş 4:12) diýýär. Biziň döwürdeşlerimiziň köpüsi babatda hem hut şuny aýtmak bolar. Olar durmuşda hiç bir maksatsyz ýöne ygyp ýörýärler.
Biz geçmişimiziň miwesini dogrudanam ýygýarys, ýöne bu onuň özümizi doly gul etmelidigini aňlatmaýar. Geçmiş Hudaýyň bellän wezipesini çäklendirip bilmez. Eger Hudaý ganhory (Musany) tutuş bir halkyň ýolbaşçysy we bir gorkagy (Gedegony) edermen esger edip bilýän bolsa, onda Ol siziň durmuşyňyzda-da haýran ediji bir zady amala aşyryp biler. Hudaý adamlara hemme zady täzeden başlamaga mümkinçilik berip ýörýär. Mukaddes Kitapda:
Köp adamlary gahar we öýke herekete getirýär. Olar öýkäni içlerinde gizläp, ony geçmişde taşlap gaýtmak islemeýärler. Olar göwnüne degeni bagyşlap, beýle etmek bilen hem özlerinden agyryny aýryp goýbermegiň deregine, bolan ýagdaýy durşuna gaýta-gaýta kellelerinde aýlaýarlar. Özlerini öýke herekete getirýän adamlar her dürli usul bilen öz gaharlarynyň hötdesinden gelýärler. Olaryň käbirleri öz çukurjygynda gizlenip, duýgularyny içlerinde berk
Bagyşlamazlyk öýkelän adamymyza däl-de, biziň özümize köp agyry getirýändir. Bizi öýkeleden adamyň eden zadyny bir wagtlar ýadyndan çykaran bolmagy-da, hiç zat bolmadyk ýaly bolup ýaşap ýören bolmagy-da mümkin. Biz bolsa, ýigrençden ýaňa gaýnamany dowam etdirip, geçmişe gaýta-gaýta dolanyp, öýkäni uzaldyp ýörýäris.
Gulak asyň, birwagtlar öýkeleden adamyň ýene-de siziň göwnüňize degip ýörmesini dowam etdirmegi mümkin. Ýöne
Köp adamlary gorky herekete getirýär. Gorky şikes almanyň, beýik talaplary bildirmäniň we garaşmalaryň netijeli, çagalara çendenaşa berk gözegçilik edilen maşgalanyň terbiýesiniň miwesi, hatda genetiki meýilleriň netijesi hem bolup biler. Gorkynyň herekete getirýän adamlary hemişe howsalaly ýaşaýarlar. Olar howpsuzlygyň, ygtybarlylygyň, kwo statusynyň gadryny bilýärler we mümkin boldugyça az töwekgelçilik edýärler. Olaryň ajaýyp mümkinçilikleri deňesinden az geçirmeýärler, sebäbi täze ýa-da nätanyş bir zada ýapyşybermäge het edip bilmeýärler. Munuň deregine olar barlagdan geçen usullar bilen hereket etmegi, elbetde, oýnamagy-da saýlaýarlar.
Biz özümizi gorkynyň zyndanyna salýarys. Ol hem bize Hudaýyň özümizi ýaradan görnüşinde bolmagymyza päsgel berýär. Biz öz gorkymyzyň garşysyna gidip, onuň bilen iman hem söýgi bilen göreşmelidiris. Ýazgy:
Köp adamlary material abadançylyk herekete getirýär. Olar üçin almak we toplamak durmuşyndaky iň esasy zat bolýar. Bu köpden-köp ýygnamaga ymtylyş, adamda emläk näçe köp bolsa, ol şonça-da bagtly bolýar, başgalaryň nazarynda ähmiýetliräk görünýär, onuň geljegi şonça-da ygtybarly üpjün edilýär diýen ýalan pikire esaslanýar. Bu zatlaryň hemmesi ýalandyr. Islendik emläk hem özi bilen bary-ýogy
Käbirleri özlerini edil baýlyk bilen barlylyk özlerine uly ähmiýetlilik berýän ýaly alyp barýarlar. Ýöne bu-da mifdir. Hakyky ynsanlyk gymmaty pul we emläk bilen ölçenilýän däldir. Siziň şähsyýelik gymmatyňyz özüňizdäki haýsydyr bir gymmat zadyňyz bilen kesgitlenilmeýär. Umuman-a Hudaý durmuşdaky iň gymmat zatlaryň asla material zatlar däldigini aýdýar.
Pul barada aýdylýan giň ýaýran mif, adam näçe baý bolsa, şonça-da howpsuz bolýar we asuda ýaşaýar diýýär. Ýöne bu beýle däldir. Mysal üçin, biziň islendik birimiz özümiziň ygtyýarymyzda bolmadyk islendik faktorlar sebäpli, bir pursatyň içinde saglygymyzdan mahrum bolup bileris. Hakyky ygtybarlylygy we howpsuzlygy dünýädäki hiç kimiň özüňizden alyp bilmejek zadynda, ýagny Hudaý bilen aragatnaşyklarda tapmak bolýar.
Köp adamlary daş-töweregindäkileriň pikirleri we talaplary herekete getirýär. Munuň ýaly adamlar öz durmuşynyň ygtyýaryny ene-atasynyň, ýanýoldaşynyň, çagalarynyň, mugallymynyň, dostlarynyň we başga-da köp adamlaryň ellerine berýärler. Olar ullakan adam bolanlaryndan soň hem, özleriniň asla göwnünden turmak mümkin bolmadyk ene-atasynyň göwnünden turjak bolýan wagtlary seýrek bolmaýar. Käbirlerini deň-duşlary tarapyndan edilýän basyşlar herekete getirýär. Töweregindäkileriň özi hakda näme pikir edýändigi baradaky pikir olara rahatlyk bermeýär. Ýöne, gynansak-da, köpçüligiň yzyna düşüp ýörýän adamlar, olaryň arasynda ýitip gidýärler.
Men üstünligiň reseptleriniň hemmesini bilmeýärin, ýöne ýeňlişiň esasy wepaly açary — bu hiç kimi gapdalda galdyrman, hemmeleriň göwnüne ýaramaga jan etmekdir. Hudaýyň öz durmuşyň üçin bellän wezipesini deňäňden geçirmegiň kepil geçilen usullarynyň ýene biri-de, hemişe başga adamlaryň pikirine bagly bolup ýörmekdir. Isanyň aýdyşy ýaly,
Adamyň durmuşyny herekete getirýän başga-da güýçler bar, ýöne olaryň hemmesi-de şol bir petige, ýagny güýjüňi ulanmazlyga, gerekmejek strese we hiç hili kanagatlanma getirmeýän durmuşa alyp barýar.
Bu kyrk günlük syýahat size maksada okgunly durmuşda nädip ýaşamalydygyny görkezer. Bu durmuş Hudaýyň niýetleri we maksatlary bolup durýan güýç tarapyndan herekete getirilýändir. Hudaýyň öz durmuşyň üçin bellän wezipesini bilmekden wajyp zat ýokdur. Bu bilimiň ýetmezçilik edýän ýerini üstünligem, baýlygam, şöhratam lezzetem, umuman, hiç zat tutup bilýän däldir. Maksatsyz durmuş biderek herekete, bulam-bujarlykly işe we bimany wakalara öwrülýär duruberýär. Maksatsyz durmuş lenç edilen, ownukçyl we belli bir ugurdan mahrum edilen durmuş bolýandyr.
MAKSADA OKGUNLY DURMUŞYŇ ARTYKMAÇLYKLARY
Maksada okgunly durmuşyň düýpli bäş sany birinji derejeli zadyny agzap geçmek bolar:
Öz wezipäňe düşünmeklik durmuşa many berýär. Biz many wajyp gerek bolan adam edilip ýaradylypdyrys. Hut şonuň üçin hem adamlar, hatda astrologiýa ýa-da ekstrasensorika ýaly juda şübheli zatlaryň üsti bilen hem, her hili edip, durmuşyň manysyna akyl ýetirmäge dyrjaşýarlar. Adam durmuşy manydan doly bolanda, hemme zady diýen ýaly ýeňip geçip bilýär, ýöne durmuşynda many bolmadyk adam üçin töweregindäki hemme zatlar çekip-çydardan çökder gelýär.
Ýigrimi ýaşlaryndan geçen bir ýaş ýigit şeýle ýazýar: «Men özümi şöwsuz adam hasaplaýaryn, sebäbi hemişe kimdir biri boljak bolýaryn, ýöne takyk kim boljagymy özüm hem bilmeýärin. Men şu wagta çenli diňe gün geçirmek bilen meşgullandym. Ýöne özüm üçin durmuşyň manysyny tapaýsam, özümiň ýaşap başlandygymy duýaryn».
Hudaýsyz durmuşda hiç hili maksat bolýan däldir. Maksatsyz durmuş bolsa manysyzdyr. Manydan mahrum bolan durmuşda ähmiýet-de, umyt-da ýokdur. Mukaddes Kitapdaky köp gahrymanlar şuňa meňzeş umytsyzlyk duýgusyny görkezýärler. Mysal üçin, Işaýa:
Umyt bize howadan hem suwdan jinnek ýalyjagam az wajyp däldir. Onsuz biz ýaşap bilmeris. Doktor Berni Ziger özüniň çiş keseli bolan syrkawlarynda haýsysynyň keseliniň wagtlaýynça gowşajakdygyny, kimde munuň ýaly bolmajakdygyny öňünden aýdyp bilýändigini duýýar. Ol syrkawlarynyň hemmesine: «Ýüz ýaşa çenli ýaşamak isleýärmisiňiz?» diýen şol bir soragy berýär. Durmuşyň manysyny we öz wezipesini çuň duýýan syrkawlar «hawa» diýipdir, şonuň üçin olarda ýeňip geçme mümkinçiligi beýlekileriňkä garanda, has ýokary bolupdyr. Umyt maksada we özüňe niýetlenilen wezipä düşünmegiň kömegi bilen gelýändir.
Eger soňky döwürlerde göwnüňize bolmasa, umyt ýok ýaly görünse, onda berk ýapyşyň! Eger akyl ýetirip we maksada okgunly bolup ýaşap başlasaňyz, onda siziň durmuşyňyzda hökmany suratda gudratly üýtgeşmeler bolar. Hudaý:
Özüňe niýetlenen wezipä düşünmeklik durmuşy ýeňilleşdirýär. Ol bize nämäni etmegiň gerekdigini, nämäni etmegiň gerek däldigini kesgitleýär. Maksat we niýetlenilen wezipämiz ölçeg bolup durýar. Biz şol ölçegiň kömegi bilen haýsy işleriň wajyp we möhümdigine, haýsysynyň däldigine baha berip bilýäris. Biz ýöne bir: «Takyk şu iş Hudaýyň öz durmuşymdaky maksatlarynyň biriniň ýerine ýetmegine ýardam edýärmi?» diýen soragy beräýmelidiris.
Durmuşymyzda takyk maksat bolmasa, onda özümizde karara gelmek, wagtymyzy paýlamak, şeýle hem, içki zehinlerimizi we goşmaça resurslarymyzy ulanmaga esas bolmaz. Adam munuň ýaly ýagdaýda köplenç ýüze çykan ýagdaýlaryň, daşky faktorlaryň basyşynyň ýa-da şu pursatdaky keýpiniň esasynda karara gelýär. Öz maksadyny bilmeýän adamlar gaty köp zatlary etmäge dyrjaşyp, hemme zada derrew ýetjek bolýarlar. Hut munuň özi hem, stres derejesiniň ýokarlanmagyna, ýadawlyga we daş töweregiňizdäkiler bilen dawa-jenjel etmeklige alyp barýar.
Beýlekileriň özümizden isleýän we talap edýän zatlarynyň hemmesini etmeklik asla mümkin däldir. Bizde diňe Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge wagt bar. Eger planlaşdyran zatlaryňyzyň hemmesini etmäge ýetişmeýän bolsaňyz, diýmek siz öz üstüňize Hudaýyň özüňize niýetlän zatlaryndan köp zady alansyňyz (ýa-da bu örän köp wagtyňyzy telewizoryň öňünde geçirýändigiňizi hem aňladyp biler). Maksada okgunly durmuş sizi has uly ýönekeýlige we has paýhasly gün tertibini düzmeklige alyp barar. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki häzirki zaman terjimeleriniň biri Zebur bir aýadyny:
Özüňe niýetlenilen wezipä düşünmeklik durmuşa aýdyň merkez berýär. Ol öz tagallalarymyzy we güýjümizi hakykatdan wajyp bolan zatlarda jemlemeklige kömek edýär. Eger saýlama boýunça hereket etsek, çekýän zähmetimiz hakykatdan peýdaly bolar.
Adam tebigatyna ähmiýetsiz ownuk-uşak zatlara ünsüni bölmeklik mahsus bolýar. Biz edil «Öz oýnumyz» atly telegepleşikde ýeňiji bolmaga dyrjaşýan ýaly, öz durmuşymyzy wajyp hem-de gerek bolmadyk zatlryň yzynda ylgap geçirýäris. Genri Dewid Toro[4] adamlaryň bütin ömrüni «ýuwaş lapykeçlikde geçirýändigini» belläpdir. Ýöne häzir biziň günlerimiziň «maksatsyz şady-horramlykda» geçýändigini aýdyp bileris. Köp adamlaryň durmuşy uly tizlik bilen aýlanýan, ýöne şonda-da ýerinden gozganmaýan wolçoga kybapdaşdyr.
Maksadymyz bolmasa, hemişe durmuşdaky ugrumyzy üýtgedip durarys, başga iş gözläp ýöreris, dostlarymyzy, ýygnagymyzy we beýleki daşky faktorlarymyzy çalşarys. Her gezegem nobatdaky üýtgeşmäniň kömegi bilen ahyrsoňy içki gozgalaňymyz ýatyşar diýip umyt ederis. Biz: «Belki, şu gezek hemme zat başgaça bolar» diýip pikir ederis, ýöne bu-da barybir esasy meseläni, ýagny maksatsyzlygy we manysyzlygy aradan aýyrmaýar.
Mukaddes Kitapda:
Belli bir zada gönükdirilen energiýanyň nähili güýjüniň bardygyny ýagtylygyň mysalynda görmek bolar. Pytraňňy yşyk daş-töweregine göze görnüp duran täsiri etmez. Ýöne onuň yşk tolkunlarynyň hemmesini bir nokada birikdirmek bilen güýjüni bir ýere jemläp bolar. Ulaldyjy aýnanyň kömegi bilen gün şöhlelerini şeýle bir ýygnap bolýar welin, hatda olar kagyzy ýa-da otuň baldagyny-da ýakyp bilýär. Ýagtylyk lazer şöhlesi görnüşinde bir ýere has güýçli ýygnanylanda, ol hatda polady-da kesip bilýändir.
Belli bir maksada gönügen, pikiri bir ýere jemlenen durmuşdan başga kuwwatly we täsirli hiç zat bolup bilýän däldir. Taryha iň görnükli täsirini ýetiren adamlar seýrek maksada okgunlylyk we ünsüni bir ýere jemlemeklik bilen tapawutlanypdyrlar. Mysal üçin, Pawlus bütin Rim imperiýasyna mesihiligi ýeke özi diýen ýaly ýaýradýar. Onuň üstünliginiň syry durmuşynda takyk gönükdirilen ugruň bolmagynda jemlenilipdi. Ol:
Eger öz durmuşyňyzyň göze ilginç yz galdyrmagyny isleýän bolsaňyz, onda durmuşyňyzyň
Özüňe niýetlenen wezipä akyl ýetirmeklik bize gerekli durmuş motiwasiýasyny berýär. Ol bizde isleýän zadymyza ýetmekde yhlasly dyrjaşma berýär. Bize takyk bellenilen maksatdan başga hiç zat hem bize şeýle güýç bermeýär. Şunuň ýaly maksat bolmadyk ýagdaýynda yhlas, gaýtam, sönýär we dargaýar. Bize hatda ertirine düşegimizden turmak-da agyr bolýar. Adatça biz işiň başdan agdyklygyndan däl-de, onuň manysyzlygyndan ýadaýarys we güýç bilen şatlykdan mahrum bolýarys.
Jorj Bernard Şou: «Durmuşdaky hakyky şatlyk dünýäniň özüni bagtly ýaşatmak üçin hiç hili tagalla etmek islemeýändiginden ömür arz edip ýören syrkawlyklaryň we öýkeleriň özüni söýýän ownujak tokgasy kimin bolman, biderek ýere ýaşamaýandygyňy bilmekdedir, öz güýjüňe akyl ýetirmekdedir, özüňi tebigy güýç kimin duýmakdadyr» diýýär.
Özüňe niýetlenen wezipä akyl ýetirmeklik bize özümizden soň ebedi miras galdyrmaklyga mümkinçilik berýändir. Köp adamlar özlerini dünýäden ötenlerinden soň hem ýatlamaklaryny isläp, özünden soň ömürlik galar ýaly miras galdyrjak bolup, bütin ömrüni sarp edýär. Emma ahyrky netijesinde, biziň durmuşymyz hakda başgalaryň aýtjak zatlary däl-de,
Ýerde özüňden soň hiç bolmanda azajyk miras galdyrmak, diýseň ätiýaçsyzlyk bolýandyr. Özümize iberilen wagty durmuşymyz bilen taryhda
Günleriň birinde siz Hudaýyň huzuryna gelersiňiz, şonda bakyýete girmeziňiziň öň ýanynda Ol durmuşyňyzy derňär-de, soňky ekzameni alar. Mukaddes Kitapda: «Biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys…Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rimliler 14:10b, 12) diýilýär. Bagtymyza, Ol biziň synagy tabşyryp bilmegimizi çyny bilen isleýär, şonuň üçin hem, soraglaryň hemmesini öňünden aýtdy. Mukaddes Kitabyň esasynda biz özümize iki sany esasy soragyň beriljekdigini bilip bilýäris.
Birinjisi:
Ikinjisi: «Meniň özüňe beren sowgatlarymyň hemmesini sen näme etdiň?» diýen sorag bolar. Siz öz durmuşyňyzy, Hudaýyň özüňize ynanan ähli sowgatlaryny, zehinlerini, mümkinçilklerini, güýçlerini, aragatnaşyklaryny we beýleki resurslaryny näme etdiňiz? Siz bu zatlaryň hemmesini özüňize sarp etdiňizmi ýa-da Hudaý özüňizi haýsy maksat üçin ýaradan bolsa, şonuň üçin ulandyňyzmy?
Bu kitabyň maksady — sizi şu soraglara jogap bermäge taýýarlamakdyr. Birinji soraga berjek jogabyňyz bakyýetde
Oýlanmak üçin hakykat: Maksada okgunly durmuş — bu ruhy rahatlyga tarap ýoldur.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Eger ýakynlarym bilen dostlarymdan meniň durmuşymy nämäniň herekete getirýändiklerini sorasalar, näme jogap bererkäler? Men durmuşymy nämäniň herekete getirmegini isleýärin?
4-nji gün
Bakyýet üçin ýaradylanlar
Wagyz kitaby 3:11
Abraam Linkoln
Ýerdäki durmuş — bu entek hemmesi däldir.
Ýerdäki durmuş — bu bary-ýogy hakyky spektaklyň öň ýanyndaky soňky taýýarlykdyr. Siz bu ýerdäki durmuşyňyzdaka garanda, ölümiň aňyrsynda —
Biz ýerde köp ýaşasak ýüz ýyl ýaşarys, ýöne bakyýetde bize tükeniksizlik garaşýar. Jenap Tomas Brounyň aýdyşy ýaly, ýerdäki ýyllarymyz bary-ýogy «bakyýetdäki bir epizod ýalydyr»[6]. Biz ebedi ýaşamak üçin ýaradylandyrys. Mukaddes Kitapda:
Günleriň birinde siziň ýüregiňiz urmasyny bes eder. Şonda ýerdäki bedeniňiziň soňy geler, ýerde ýaşamak üçin berlen wagt tamamlanar, ýöne siziň özüňiz ýaşamagyňyzy bes etmeýärsiňiz. Häzirki fiziki bedeniňiz — bu bary-ýogy ruhuňyzyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeridir. Mukaddes Kitap biziň häzirki bedenimizi «çatma» ýa-da «çadyr» diýip atlandyrýar, ýöne geljekki bedenimizi bolsa «öý» diýip atlandyrýar. Mukaddes Ýazgyda:
Ýerdäki durmuş bize her dürli ýollary teklip etse-de, indiki durmuşda diňe iki ýol bardyr. Olar Gökler ýa-da dowzahdyr. Siziň Hudaý bilen bu ýerdäki aragatnaşyklaryňyz Onuň bilen bakyýetdäki gatnaşyklaryňyzy kesgitleýändir. Eger entek ýerdekäňiz Hudaýyň Ogly Isa Mesihi söýmegi öwrenseňiz, Ol sizi ýetip gelýän bakyýetde bile bolmaklyga çagyrar. Emma Onuň söýgüsini, bagyşlamasyny we gutulyşyny inkär etseňiz, onda ebedi Hudaýsyz galarsyňyz.
Klaýw Lýuis[7]: «Bütin dünýädäki adamlar iki topara bölünýär. Olaryň bir topary Hudaýa:
Durmuşyň bu ýerdäki gysga minutlyk ýaşamak bilen çäklenmeýändigine, ýyllaryň diňe ebedilige taýýarlykdygyna hem-de hökmany suratda başgaça ýaşap başlajakdygyňyza akyl ýetirmelisiňiz. Siz
Biz bakyýetiň nurunda ýaşap başlanymyzda, öz gymmatlyklarymyz üýtgäp başlaýar. Biz pulumyzy paýhaslyrak sarp edip başlaýarys. Biz birinji ýerde baýlygy, şöhraty, üstünlikleri, hatda-da wagtymyzy şadyýan geçirmekligi-ge däl-de, häsiýeti we adamlar bilen aragatnaşyklary goýýarys. Şonda özümiz üçin gymmat boilan zatlaryň ýeri çalyşýar. Indi bize täze modaly akymlara, meşhur pikirlere we gymmatlyklara eýermek gerek bolmaýar. Pawlus:
Eger biziň durmuşymyz ýerdäki ýaşaýşymyz bilen çäklenýän bolsa, onda men size ondan eliňize ilen zatlaryň hemmesini almaklygy teklip ederdim. Ýagşylyk we edep-ekram prinsipleri baradaky gürrüňleriň hemmesini ýok edip ýatdan çykarsa-da bolardy. Edýän hereketlerimiziň netijelerine-de üns bermän, baryp ýatan egoizme özümizi ursak hem bolardy, sebäbi edýän işlerimiziň netijeleri uzaga çekip durmaýardy! Ýöne gepiň tümmek ýeri-de şundadyr — ölüm geleni bilen biziň ýaşaýşymyz bes edilmeýär. Ölüm — bu hemme zadyň soňy däl-de, bakyýete geçişdir. Ýerde edilen her bir zadyň hem
Häzirki durmuşymyzyň iň howply tarapy — bu gysga wagtlaýyn, uzaga seredilmän edilýän pikirdir. Öz durmuşymyzy mümkin boldugyça hasylly etmek üçin bize ebediligi hemişe gözlerimiziň öňünde tutup, onuň gymmatyny ýüregimizde saklap ýörmelidiris. Ýaşaýyş — bu diňe bir «şu ýerde we häzir» däldir. Bu günki gün — bu aýsbergiň suwuň ýüzünde görnüp duran ýokarky bölegidir. Ebedilik bolsa, buzuň suwuň aşagynda ýaldyrap duran galan ullakan bölegidir.
Ebedilik Hudaýyň ýanynda nämä meňzeş bolar? Açygyny aýtsak, adam akly Gökleriň beýikligine we gudratlarynyň aňyrsyna ýetmäge hem-de akyl ýetirmäge ukyply däldir. Bu zatlaryň hemmesi garynja internetiň nämedigini düşündirjek bolmaga synanyşmak ýaly bir zada kybapdaş bolýandyr. Düýbünden peýdasyzdyr. Adamzat entek bakyýetiň nämä meňzeşdigini düşündirip biler ýaly sözleri oýlap tapyp bilen däldir. Mukaddes Kitapda:
Şeýle-de bolsa, Hudaý Öz Sözünde özümize nämäniň garaşýandygyna bir gözümiz bilen jyklamaga rugsat berdi. Hudaýyň häzir özümiz üçin ebedi öý taýýarlaýandygyny biz bilýäris. Biz Göklerde imanly bolan dogan-garyndaşlarymyz bilen duşuşarys, agyrydan we görgüden hemişelik azat bolarys. Hudaý bolsa, ýerde görkezen wepalylygymyz üçin bizi sylaglar-da, hökmany suratda göwnümizden turjak işi tabşyrar. Birahat bolmaň, biz öwüşgini ýaýradyp we arfa çalyp, bulutlaryň üstünde ýatmarys. Biz şonda ahyrsoňy Hudaý bilen päsgelçiliksiz gürleşip bilýändigimize şatlanarys, Ol bolsa, çäksiz, tükeniksiz we hemişelik bize guwanar. Isanyň:
Klaýw Lýuis özüniň meşhur «Narniniň hronikasy» atly çagalar üçin ertekili powestler ýygyndysynyň soňky sahypalarynda: «Bu biziň üçin ähli taryhlaryň soňudyr… Ýöne olar üçin bu diňe hakyky taryhyň başlangyjy boldy. Olaryň biziň dünýämizdäki bütin durmuşy daşlyk we kitabyň ady, eseriň hem awtoryň ady, çykarylan ýyly, neşir edilen ýeri ýazylan kitap sahypasy ýaly bir zatdy. Indi bolsa, ahyrsoňunda, ýer ýüzündäki ýekeje adamyň hem okamadyk Taryhynyň; ebedi dowam etjek Taryhynyň; baplary biri-birinden gowy bolan Taryhyň, ýagny Beýik Taryhyň Birinji Baby başlandy» diýip, bakyýetiň özüni diýseň takyk beýan edýär.
Hudaýda hakykatdanam, biziň ýerdäki durmuşymyz üçin maksat bar, ýöne hemme zat munuň bilen gutaraýmaýar. Onuň maksady siziň ýerde geçirjek birnäçe on ýyllyklaryňyzdan has köp zady öz içine alýandyr. Ol bize diňe bir durmuşda ýekeje gezek bolup bilýän iň gowy mümkinçiligi teklip etmeýär-de, ýerdäki ýaşaýşymyzyň
Adamlaryň aglaba bölegi ebedilik hakda diňe ölini jaýlama çärelerinden pikirlenýärler, ýöne şonda-da olaryň pikirleri ýüzleý, ýeňles we iň nadan oýlanmalara esaslanan bolýar. Belki-de, siz ölüm barada pikir etmeklik diňe ejizlik bilen kabul edýän aňlara mahsusdyr diýip pikir edýänsiňiz, ýöne ölümiň realdygyna garşy çykyp hem-de her birimize gutulgysyz garaşýan zat hakda pikir etmän ýaşamak zelellidir hem-de akylsyzlykdyr (Wagyz kitaby 7:2). Belli bolşy ýaly, irde-giçde bolmaly bolan zada hiç hili taýýarlyk görmän, durmuşda diňe akmaklar ýörýändirler. Bakyýet barada az däl-de, köp
Ejeňiziň göwresinde geçiren dokuz aýyňyz asyl maksat däldi-de, ýerdäki durmuşa taýýarlykdy. Häzirki durmyşymyz hem, edil şunuň ýaly, ýetip gelýän durmuşa taýýarlykdyr. Eger sizde Isa Mesih arkaly Hudaý bilen şahsy aragatnaşygyňyz bar bolsa, onda ölümden gorkmaly dälsiňiz, sebäbi ölüm siziň üçin ýaşaýşa tarap açylan derweze bolar. Ölüm siziň özüňizi däl-de, fiziki bedeniňizi ýok eder. Ol islendik ýaşaýşyň soňy bolmaz-da, ebedi durmuşda doglan günüňiz bolar. Mukaddes Ýazgyda:
Ebedilik bilen deňeşdirenimizde, özümiziň ýerdäki durmuşymyz göz açyp-ýumasy salym ýaly bolýar, ýöne onuň netijeleri biziň bilen hemişelik galýar. Häzirki durmuşymyzyň işleri biziň geljekki ykbalymyzy kesgitleýändir. Biz özümiziň şu wagt
Oýlanmak üçin hakykat: Durmuş — bu diňe «şu ýerde we häzir» däldir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Özümiň bakyýet üçin niýetlenendigimiň esasynda men näme bilen meşgullanmagy derrew bes etmeli we näme bilen meşgullanmagy gaýra goýman dowam etdirmeli?
5-nji gün
Durmuşa Hudaýyň gözi bilen seredip
Ýakup 4:14
Anais Nin (ýazyjy-romançy)
Biziň durmuşymyz özümiziň oňa seredişimiz bilen
Siziň ykbalyňyz öz durmuşyňyzy kesgitleýşiňize baglydyr. Wagtyňyzy we puluňyzy nämä sarp edýändigiňiz, zehiniňizi nirä ulanýandygyňyz we başga adamlar bilen gatnaşyklaryňyzy näderejede baha berýändigiňiz siziň durmuşyňyzy göz öňüne getirişiňize bagly bolar.
Başga bir adama düşünmäniň iň gowy usullarynyň biri-de ondan:
Eger men şol soragy size-de beren bolsam, onda gözüňiziň öňünde nähili keşp peýda bolardy? Şol keşbi siziň
Şol söz bilen aýdylmadyk durmuşy metaforalar bize göz öňüne getirişimizden has köp täsirini ýetirýär. Ol siziň garaşýan zatlaryňyzy we talaplaryňyzy, gymmatlyklaryňyzy, iki taraplaýyn gatnaşyklaryňyzy, maksatlaryňyzy we ilkinji derejeli zatlaryňyzy kesgitleýär. Mysal üçin, eger siz durmuş — bu durşuna bir baýramçylykdyr diýip pikir edýän bolsaňyz, onda siziň baş maksadyňyz
Siz öz durmuşyňyzy nähili görýärsiňiz? Belki, siz ör nädogry durmuş metaforasyna esaslanýansyňyz? Hudaýyň özüňize niýetlän wezipesini ýerine ýetirmek üçin siz umumy kabul edilen nukdaýnazary sübhe astyna salyp, ony
Mukaddes Kitap bize üç sany metaforany teklip edýär. Biz şol metaforalaryň kömegi bilen Hudaýyň Özüniň biziň durmuşymyzy nähili görýändigini bilýäris. Durmuş — bu
Ýerdäki durmuş — bu synagdyr. Bu durmuş metaforalaryny Mukaddes Kitabyň dürli wakalarynda yzarlamak bolar. Hudaý adam häsiýetini, imanyny, diýen edijiligini, söýgüsini, dogruçyllygyny we wepalylygyny hemişe synap durýar. Synag, synaga salma, arassalanma ýaly sözler we şulara meňzeş beýleki sözler Mukaddes Kitapda 200-den gowrak gezek gaýtalanylýar. Hudaý Ybraýymdan öz ogly Yshagy gurban bermegini soranda, ony synapdy. Ýakup öz aýalyny almaga mynasyp bolmak üçin ikinji ýedi ýyly işlemeli bolanda, Hudaý ony barlap görüpdi.
Adam ata bilen How ene synaga salnanlarynda ýan berip, synagdan geçip bilmändiler. Dawudyň durmuşynda-da şonuň ýaly ýagdaý bolýar. Şeýle-de bolsa, Mukaddes Kitap düşen synaglarynyň hötdesinden abraý bilen gelenleriň hem bardygyny görkezýär. Mysal üçin, Ýusubyň, Rutuň, Esteriň we Danyýeliň mysallaryna serediň.
Adamyň häsiýeti diňe synaglaryň üsti bilen ösýär we barlanylýar. Umuman,
Biz özümize niýetlenip goýlan synaglaryň hemmesini bilmeýäris, ýöne Mukaddes Kitaba esaslanyp, olaryň käbirleriniň boljakdygyny öňünden aýdyp bilýäris. Hudaý sizi ullakan özgerişlikleriň, çözüp bolmaýan meseleleriň, bihuda edilýän tankytlaryň, manysyz betbagtçylyklaryň üsti bilen synar. Käwagtarda siz wada berlen zadyň ýerine ýetmegine uzak wagtlap garaşmaly bolýarsyňyz. Eden dogalaryňyzyň köpüsi şol jogap berilmedik bolşuna-da galýar. Hudaýyň imanymy dürli meseleleriň we kynçylyklaryň üsti bilen, umydymyň berkligini — material gurplulygyň ýa-da ýetmezçiligiň, söýgimiň hakykydygyny — başga adamlaryň kömegi bilen synap görýär.
Durmuşymyzda Hudaýyň barlygyny
Durmuşyň synagdygyna düşünen badymyza, durmuşda
Hudaýyň şol barlaglaryň hemmesine üstünlikli döz gelip bilmegimizi ilkibaşdan bäri isleýändigi ajaýyp zatdyr. Şonuň üçin hem Ol bize hiç haçan hem hötdesinden gelip bilmän galmazymyz ýaly, güýjümiz ýeterden we ukybymyzdan artykmaç bolan synagy bermeýär. Mukaddes Ýazgyda:
Her gezek synagy abraý bilen ýeňip geçeniňizde, Hudaý soň Göklerde size hökman sylag bermek üçin muny görýär. Resul Ýakup:
Ýerdäki durmuş — bu bize belli bir möhletlik ynanylan emläkdir. Bu Mukaddes Kitapdan alnan ikinji durmuş metaforasydyr. Hudaý bize her hili sowgatlary we serişdeleri berip, olary biziň aladamyza we hossarlygymyza ynanýar. Bu zatlaryň hiç biri-de biziňki däldir. Biz diňe belli bir möhletiň dowamynda özümize ynanylan ýagşylyklardan peýdalanýarys. Dolandyrma, özümize ynanylan emläge ygtyýar etme düşünjesi ýerdäki hemme adamlaryň we hemme zadyň Hudaýa degişlidigini ykrar etmekden başlanýar. Mukaddes Kitapda:
Biz ýerde ýaşasagam, hiç zada hakykatdan
Hudaý Adam bilen Howy ýaradanda, olara ähli janly-jandarlaryň üstünden hökümdarlyk sürmegi ynandy-da, olary Özüniň ähli emläginiň üstünden hossar hem dolandyryjy edip goýdy. Mukaddes Ýazgyda: «Hudaý erkege we aýala:
Hudaýň adamlara ilkinji beren tabşyrygy Özüniň ýer ýüzünde ýaradan zatlarynyň hemmesine hökümdarlyk etmek we dolandyrmakdy. Şol ýumuş hiç haçan hem ýatyrylmady we biziň wezipämiziň bir bölegi bolup durýar. Biz töweregimizdäki zatlaryň hemmesini Hudaý tarapyndan berlen sowgat ýa-da karzyna berlen bir zat hökmünde garamalydyrys. Töweregimizi gurşap alan zatlaryň hemmesine özümize
Köp ýyllar mundan ozal tanyşlarymyzyň biri aýalym ikimizi zähmet rugsady döwründe özleriniň Gawaýadaky, edil okeanyň kenaryndaky diýseň haşam öýünde ýaşamaklyga çagyrdy. Şunuň ýaly ajaýyp dynç alşy biziň özümiz hiç haçan hem edip bilmezdik, şonuň üçin hem, ol ýerde örän gowy dynç aldyk. Öý eýeleri bize: «Özüňizi edil öýüňizde ýaly duýuň. Şu ýerde bar zatlaryň hemmesinden edil özüňiziňki ýaly peýdalanyberiň» diýdiler. Biz diýlişi ýaly hem etdik. Biz howdana suwa düşdük, sowadyjydan tapan zadymyzy alyp iýdik, hammam polotenselerini we şkafdaky gap-çanaklary ulandyk, hatda şatlykdan ýaňa krowadyň üstünde-de bökdük. Ýöne bu döwrüň dowamynda biz esasynda bu öýüň özümiziňki däldigini bilýärdik, şonuň üçin hem, ähli zatlary seresap ulanmaga çalyşdyk. Görýärsiňizmi, şol zatlar özümize degişli däl hem bolsa, biz olary ulandyk.
Häzirki zaman jemgyýeti adamyň hiç wagt özüne degişli bolmadyk zadyň aladasyny etmejekdigini aýdýar. Ýöne mesihiler: «Bu emläk Hudaýyňkydygy üçin men onuň aladasyny iň gowy usulda etmelidirin» diýen ýaly beýik prinsip boýunça ýaşaýarlar. Mukaddes Kitapda:
Ýaşaýşyňyz gutarandan soň, size-de baha berlip, Rebbiň özüňize ynanan zadyna näderejede jogapkärçilikli garandygyňyza laýyklykda sylaglarlar. Görşüňiz ýaly, biziň edýän hemme zatlarymyzyňam, hatda ownujak gündelik borçlarymyzyňam, bakyýetiň içine ýaýylyp gidýän netijeleri bolýan eken. Eger siz ýerdäki zatlaryň hemmesine
Puluň hem
Bu diýseň wajyp hakykatdyr. Hudaý öz pulumy sarp edişim bilen öz ruhy durmuşymyň hiliniň arasynda baglanyşyk bardygyny aýdýar. Hudaýyň özüme ruhy ak patalary (
Isa: «…
Oýlanmak üçin hakykat: Durmuş — bu hem synagdyr, hem özümize wagtlaýyn ynanylan emläkdir.
Ýat tutmaly aýat: «Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr» (Luka 16:10).
Oýlanmak üçin sorag: Durmuşyňyzda ýaňy-ýakynda bolan zatlaryň haýsysy dogrudanam, Rebden gelen synag boldy? Hudaýyň özüňize ynanan iň wajyp we jogapkärçilikli işlerini we zatlaryny sanaň.
6-njy gün
Durmuş — bu wagtlaýyn tabşyrykdyr
Zebur 39:4
Zebur 119:19
Ýerdäki durmuş — bu wagtlaýyn tabşyrykdyr.
Mukaddes Kitapda ýerdäki ýaşaýşyň gysgadygyny, panydygyny, durnuksyzdygyny görkezýän köp obrazlar saklanylýandyr. Durmuş ümür, ýyndam çapar, demiň alnyşy we ýeliň öwsüşi bilen deňeşdirilýär. Mukaddes Kitapda:
Öz durmuşyňy has hasyllyrak etmek üçin hemişe iki zady ýatda saklamalydyr. Birinjiden, bakyýet bilen deňeşdireniňde, durmuş gysgadyr. Ikinjiden, ýer — bu wagtlaýyn ýaşalýan ýerdir. Biz bu ýerde uzak wagtlap bolmaýarys, şonuň üçin häzirki ýaşaýan ýerimize gaty bir ysnyşmak gerek däldir. Ýerdäki durmuşy Özi ýaly görmäge kömek etmegini Hudaýdan haýyş edip soraň. Dawut:
Mukaddes Kitap ýerdäki durmuşy ýat ýurda edilen wagtlaýyn syýahat bilen gaýta-gaýta deňeşdirýär. Ýer biziň hemişelik öýümiz ýa-da soňky barmaly ýerimiz däldir. Biz bu ýerde ýöne bir ötüp barýarkak myhman bolýarys. Mukaddes Kitap ýerdäki bolýan wagtymyzyň gysgadygyny suratlandyranda, bizi
Koliforniýada, ýagny meniň ýaşaýan ýerimde başga ýerlerden işlemäge gelen, ýöne öz raýatlygyny saklaýan adam gaty köp. Olarda biziň ýurdumyzyň raýaty bolmasa-da, işlemäge rugsat berýän ýörite kartoçka, ýagny daşary ýurtlular üçin berilýän ýörite («ýaşyl karta») kartoçka bolmalydyr. Mesihileriň ýanynda bolsa, özleriniň hakyky raýatydygynyň Göklerdedigini ýatladýan
Siziň «men»-iňiz bakyýete ysnyşandyr, ýurduňyz bolsa Göklerdir. Şu hakykatlara akyl ýetireniňizde, ýerdäki baýlyklaryň hemmesini aljak bolup, güýçli jan edip durmarsyňyz. Töwregimizi gurşap alan dünýäniň gymmatlyklaryny, birinji derejeli zatlaryny we durmuş obrazyny özleşdirip, diňe häzirki we gysga wagtlaýyn abadançylygyň hatyrasyna ýaşamagyň diýseň howpludygygyny Hudaý çürt-kesik aýdýar. Bu dünýäniň gymmatlyklary we synaglary bilen oýun edip, biz Hudaýa dönüklik edýäris, aldaýarys hem-de ruhy taýdan zyna edýäris. Mukaddes Kitapda:
Göz öňüne getirip görüň, döwlet size duşmançylykly bir ýurtda ilçi bolmaklygy tabşyrýar. Megerem, munuň üçin siz bir daşary ýurt dilini öwrenmeli bolsaňyz gerek hem-de edepliligi saklamak we öz missiýaňy ýerine ýetirmek üçin käbir däp-dessurlara, şol halkyň medeni aýratynlyklaryna uýgunlaşmaly bolýarsyňyz. Ilçi bolandygyňyz üçin, özüňizi duşmançylykly milletden daşlaşdyryp bilmeýärsiňiz. Özüňize tabşyrylan tabşyrygy ýerine ýetirmegiňiz üçin siz şol ýerdäki adamlar bilen duşuşmaly hem gatnaşmaly bolýarsyňyz.
Ýöne şol ýat ýurtda özüňizi diýseň oňaýly duýup, ony söýüp, öz ýurduňyzdan-da ileri tutsaňyz näme bolar? Siziň wepalylygyňyz bilen bagyş edilmäňiz öz ata watanyňyza däl-de, şol ýurda degişli bolýar, şonuň üçin siz eýýäm ilçiligiňize galyp bilmeýärsiňiz. Siz öz ýurduňyzyň wekili bolmagyň deregine, özüňizi onuň duşmany ýaly alyp baryp başlaýarsyňyz. Siz dönük bolýarsyňyz.
Mukaddes Kitapda:
Öňki ýüzýyllyklar bilen deňeşdireniňde häzir dünýäniň aglaba bölegi abadançylykda we bolçulykda ýaşaýar. Biziň hemişe keýpimizi göterýärler, göwnümizi açýarlar we wagtymyzy şatlykly geçirýärler. Gyzykly güýmenjeleriň, özüne çekiji reklamalaryň, filmleriň, kitaplaryň birgideni daşymyzy gurşap alypdyr. Wagtymyzy şatlykly geçirmäniň her dürli ýollary bar, şonuň üçin şahsy bagtymyza tarap ymtylmanyň durmuşdaky iň wajyp zatdygyny aňsatlyk bilen ýadymyzdan çykarýarys. Diňe ýerdäki durmuşyň birinjiden, synagdygyny, ikinjiden, belli bir möhletlik özümize ynanylan bir zatdygyny, üçünjiden, wagtlaýyn tabşyrykdygyna akyl ýetirenimizden soň, ýerdäki abadançylyk biziň üçin öz güýjüni ýitirýär. Biz ölçäp bolmajak bir gowy zada taýýarlyk görýäris.
Ýeriň öz hakyky we ebedi öýümiz däldigi baradaky faktyň özi Isa Mesihiň yzyna eýerýänleriň bu dünýäde kynçylyk görýändigini, hasrat çekýändigini we beýlekileriň ret etmesine duçar bolýandygynyň sebäbini düşündirýär (Ýahýa 16:33, Ýahýa 16:20, Ýahýa 15:18–19). Bulardan başga-da, başda seredeniňde Hudaýyň wadalary ýerine ýetmedik, käbir dogalar şol jogapsyzlygyna galan, ýüze çykýan ýagdaýlar bolsa köplenç adalatsyz ýaly bolup görnen wagty, munuň näme üçin beýle bolýandygy düşnükli bolýär. Ýerdäki durmuş — bu entek hemme zat däldir, bu entek soň däldir.
Biz ýere çendenaşa ysnyşmazymyz ýaly, Hudaý bakyýetiň bärki tarapynda hiç haçan hem gandyryp bolmajak islegleri berip, bize ýerde kanagatsyzlanma duýmagymyza ýol berýär. Biz bu ýerde doly bagtyýarlyga ýetmeris, sebäbi oňa ýetmeli hem däldiris. Ýer biziň ebedi öýümiz bolmaz. Biz ölçäp bolmajak derejedäki gowy bir zat üçin ýaradyldyk. Elbetde, bu ýerde-de bagtly pursatlar bolar, ýöne olar Rebbiň özüňiz üçin taýýarlan we oýlap tapan zadynyň ýanynda hiç zat hem däldir.
Ýerdäki durmuşyň diňe wagtlaýyn tabşyrykdygyna akyl ýetirmeklik biziň gymmatlyklarymyzy düýbünden üýtgetmelidir. Gysga pursatlaýyn däl-de, ebedi gymmatlyklar biziň çözgütlerimizi kesgitleýän esasy faktor bolmalydyr. Klaýw Lýuisiň belleýşi ýaly, «ebedi bolmadyk zatlaryň hemmesi peýdasyzlygyna-da ebedi galýandyr». Mukaddes Kitapda:
Hudaýyň biziň ýerdäki durmuşymyz babatdaky maksady hemme zatdan öňürti dünýäniň kesgitleýşi ýaly, abadançylyk ýa-da meşhurlyk, üstünlikdir diýip pikir etmeklik uly ýalňyşlyk bolar. Gurply ýaşaýyşyň material bolçulyga hiç hili dahyly ýokdur. Hudaýa bolan wepalylyk bolsa, wezipäňde şowly öňe gitmäge, hatda wezipäňde üstünlik gazanjakdygyňa kepil däldir. Biz hiç haçan geçip gidýän zatlara, pany täje tarap okdurylmaly däldiris (1 Petrus 2:11).
Pawlus wepalylygyna galyp, türmä düşdi. Ýahýa Çokundyryjy wepalylygyna galyp, kellesinden mahrum boldy. Millionlarça mesihiler ýaşaýşyny ejirli ölüm bilen jemlediler, bar zatlarynyň hemmesini ýitirdiler ýa-da pellehana hiç bir üýtgeşik gazanç ýa-da jemleme bilen geldi.
Hudaýyň nazaryndaky beýik iman gahrymanlary asla bu ýerde we häzir ösüşe, üstünlige we ygtyýarlylyga ýeten adamlar däl-de, häzirki ýaşaýşa wagtlaýyn tabşyryk hökmünde garap, Hudaýyň wada beren Gökdäki sylagyna bil baglap, Oňa wepaly gulluk edýänlerdir. Mukades Kitapda Gökdäki Şöhrat Galereýasy barada, ine, näme diýilýär:
Yzyna Amerika ABŞ-nyň prezidentleriniň biri bilen bir gämide gaýdyp gelen bir garry missioner hakdaky bir wagtlar bolup geçen wakany häzir hem gürrüň edýärler. Portda prezidenti şatlykly märeke garşy alýar. Onuň üçin gyzyl haly düşelýär, harby orkestr saz çalýar, hemme ýerlerde baýdaklar pasyrdaýardy, reportýorlar iki baka ylgaşýardylar. Raýatlar öýüne dolanyp gelen prezidenti garşy alýardy, missioner bolsa, göze ilmän trapdan düşüp, märekäniň içinde gaýyp bolup gidýär. Şonda onuň ýüreginde öýke, özüne bolan nebsiagyryjylyk peýda bolýar-da, derdini Hudaýa döküp başlaýar. Soň birden Reb oňa:
Gökde bary-ýogy birnäçe sekunt bolanyňyzdan soň, siz, elbetde:
Durmuş labyry egniňizden basanda, şübhe daşyňyzy gurşap alanda, erbetligiň gülläp-ösýändigini göreniňizde, özüňize Mesihiň yzyna eýermek üçin tagalla edeniňe degýändigi ýa-da degmeýändigi baradaky soragy berersiňiz, şonuň ýaly ýagdaýda bir zady ýada salyň, siz entek öýüňizde dälsiňiz. Ölen pursatyňyzda bolsa siz öýüňizi terk etmeýärsiňiz-de, ony ilkinji gezek hakykatdan
Oýlanmak üçin hakykat: Bu dünýä meniň öýüm däldir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Eger ýerdäki ýaşaýyş bary-ýogy wagtlaýyn tabşyryk bolsa, onda meniň häzirki ýaşaýşym nädip üýtgemelikä?
7-nji gün
Dünýädäki hemme zadyň ilkinji sebäbi
Rimliler 11:36
Süleýmanyň pähimleri 16:4
Hemme zat Hudaýyň hatyrasyna we Onuň üçin ýaşaýandyr.
Älem-jahanyň iň soňky we iň ýokary maksady Hudaýyň şöhratyny aýan etmekdir. Bu ähli ýaşaýan zatlaryň, şol sanda siziň hem, ilkinji sebäbiňizdir. Hudaý
Hudaýyň şöhraty näme? Bu Hudaýyň Özüniň tebigatydyr. Bu Onuň tebigatynyň özenidir, ähmiýetiniň agramydyr, beýikliginiň ýalkymydyr, Onuň güýjüni we barlygynyň atmosferasyny görkezmesidir. Hudaýyň şöhraty — bu Öz merhemetiniň beýanydyr we Onuň owal başdan ebedi bolan häsiýetiniň aýrylmaz bölegidir.
Hudaýyň şöhratyny nirede görüp bolar? Daş-töweregiňize serediň. Hudaýyň ýaradan zatlarynyň hemmesi-de, hatda bölekleýin bolsa-da, Onuň şöhratyny beýan edýändir. Onuň şöhratyny mikroskopdaky diri kletkalardan başlap, ägirt Ak Maýanyň ýoluna çenli bolan zatlaryň hemmesinde, şapakda, ýyldyzlarda, tupanda we pasyllarda görüp bolar. Ýaradylan zat özüni Ýaradanyň şöhratyny beýan edýär. Tebigata seredip, biz Hudaýyň kuwwatyny, Oňa dürlüligiň, gözelligiň we tertipliligiň ýaraýandygyny, Onda beýik akyldarlygyň we oýlap tapyjylygyň bardygyny bilýäris. Mukaddes Kitapda:
Taryhyň dowamynda Hudaý Öz şöhratyny adamlara her dürli ýagdaýlarda açyp görkezdi. Ilki Ol Öz şöhratyny Erem bagynda, soň Musa, ybadathanadaky çadyrda, soň Isanyň üsti bilen, häzirki döwürde-de ýygnagyň üsti bilen görkezýär (Gelip çykyş 3:8, Müsürden çykyş 33:18–23, Müsürden çykyş 40:33–38, 1 Patyşalyklar 7:51, 8:10–13, Ýahýa 1:14, Efesliler 2:21–22, 2 Korintoslylar 4:6–7). Şol şöhraty ýuwudyjy ot, bulut, gök gümmürdisi, tüsse we göz gamaşdyryjy ýalkym hökmünde suratlandyrýarlar (Müsürden çykyş 24:17, Müsürden çykyş 40:34, Zebur 29:1, Işaýa 6:3–4, Işaýa 60:1). Göklerde nuruň başga hiç hili çeşmeleri gerek bolmaz. Hudaýyň şöhratynyň özi hemme zady ýagtyldýar. Mukaddes Kitap:
Hudaýyň şöhraty Isa Mesihde hemmesinden gowy görünýär. Ol biziň üçin Hudaýyň tebigatyny we Öz häsiýetini ýagtylandyrýan dünýäniň Nurudyr. Biz Mesihiň arkasyndan Hudaýymyzyň nähilidigini bilmäge synanyşyp, tümlügiň içinde sermenip ýörmek gerek däldir. Mukaddes Kitapda:
Ilki başlangyçda Hudaýa mahsus bolan, Ondan aýryp bolmaýan şöhrat Onuňkydyr, sebäbi Ol Hudaýdyr. Şöhrat Onuň tebigatydyr. Güni has ýagtyrak şöhle bermäge mejbur edip bilmeýşimiz ýaly, Hudaýyň şöhratynyň üstüne hem hiç zat goşup bilmeýäris. Ýöne bize Onuň şöhratyny
Bütin älemiň ýüzünde diňe iki ýaradylyş Hudaýa şöhrat getirmeýär. Olaryň biri kowlan perişdeler (jynlar) we biz (adamlar). Her bir günäniň düýbünde Hudaýyň şöhratlandyrmak islegi ýatandyr. Bu başga bir zady Hudaýdan köp söýmäge edilýän synanyşykdyr. Hudaýy şöhratlandyrmakdan ýüz öwürmek — bu tekepbirlikdir we Oňa boýun bolmazlykdyr. Hut şu günä hem şeýtanyň we adamyň büdremesiniň sebäbi boldy. Biziň her birimizem belli bir derejede Hudaý üçin däl-de, özümiz üçin ýaşaýarys. Mukaddes Kitapda: «…
Biziň hiç birimizem durmuşymyzdaky kanun boýunça Hudaýa degişli bolan şöhratyň hemmesini Oňa bermeýäris. Bu iň gorkunç günädir we iň heläkleýji ýalňyşlykdyr. Başga bir tarapdan Hudaýyň şöhratynyň hatyrasyna ýaşalan durmuş — bu göz öňüze getirip bolaýjak iň gowy jemlemedir. Hudaý şeýle diýýär:
Şeýlelikde, Onuň şöhraty üçin ýaşamak biziň ilkinji we baş maksadymyz bolmalydyr.
MEN HUDAÝY NÄDIP ŞÖHRATLANDYRYP BILERIN?
Isa Atasyna:
Hudaýa şöhrat getirmäniň usuly diýseň köpdür, ýöne Hudaýyň öz durmuşymyz babatdaky maksadyny kesgitläp, olary jemläp bolar. Kitabyň galan baplarynyň hemmesi şol maksatlara jikme-jik seretmeklige bagyşlanylýar, ýöne ilki bilen olary gysgaça belläliň:
Biz Hudaýa sežde etmek bilen şöhrat getirýäris. Sežde etmeklik — bu biziň Hudaýyň öňündäki iň ilkinji borjumyzdyr. Biz Hudaýda şatlananymyzda Oňa sežde edýäris. Klaýw Lýuisiň ýazyşy ýaly: «Reb bize Özüni öwmegi buýranda, Özünde şatlanmagy buýurýandyr»[8]. Hudaý biziň seždämiziň borçly duýgymyzdan syzyp çykmagyny däl-de, söýgimizden, minnetdarlygymyzdan we begenjimizden syzyp çykmagyny isleýär.
Jon Paýper[9]: «Beýleki zatlara garanda Hudaýdan köp kanagatlanma alanymyzda, Ol bizde hemişekisinden köp şöhratlanýar» diýip belleýär.
Sežde etmeklik — bu diňe bir öwgi, aýdym aýtma we Hudaýa gönükdirilen doga etme däldir. Sežde etme — bu ýaşaýyş obrazydyr. Bu ýaşaýyş obrazyna Hudaýdan gelen
Beýleki imanlylara söýgi bilen garanymyzda, Hudaýa şöhrat getirýäris. Ýokardan doglanymyzdan soň, biz Hudaýyň maşgalasynyň bir bölegi bolýarys. Mesihiň yzyna eýermeklik diňe bir imany aňlatman, eýsem,
Biziň ýerdäki borçlarymyzyň biri-de, adamlara Hudaýyň söýşi ýaly söýmekligi öwretmekden ybaratdyr, sebäbi Hudaý söýgüdir, sebäbi biz şeýle etmek bilen Oňa hormat goýýarys. Isa:
Biz Mesihe meňzeş bolmak bilen Hudaýa şöhrat getirýäris. Eger biz Hudaýyň maşgalasynda doglan bolsak, onda Hudaý biziň ruhy taýdan ösmegimizi we kämillige ýetmegimizi isleýär. Bu nämä meňzeş bolýar? Ruhy kämillik — bu pikirde, duýguda we işde Mesihe meňzeş bolmakdyr. Mesihe näçe köpmeňzeş bolsak, Hudaýa şonçada köp şöhrat getirýändiris. Mukaddes Kitapda:
Biz özümizi Mesihiň eline tabşyranymyzda, Hudaý bize täze durmuş, täze tebigat berdi. Indi bolsa ýerdäki günlerimiziň ahyryna çenli Hudaý bizi hemişe we yzygiderli içimizden üýtgetmek isleýär. Ýazga laýyklykda Ol
Öz sowgatlarymyz bilen başgalara gulluk edenimizde biz Hudaýa şöhrat getirýäris. Hudaý her birimize zehin, sowgat, ukyp we başarnyk berip, bizi biri-birimizden üýtgeşik edip ýaratdy. Biz ýöne ýere başgaça däl-de, hut şunuň ýaly edilen dälsiňiz. Hudaý size ukyplary diňe ýeke özüňiziň ulanmagyňyz üçin sowgat bermedi. Olar size başgalara peýda getirmegiňiz üçin berlendir. Beýlekilere hem size peýda getirmek üçin belli bir başarnyklar berlendir. Mukaddes Kitapda:
Hudaýa Özi hakda başgalara gürrüň bermek bilen hem şöhrat getirip bilýäris. Hudaý Özüniň biz baradaky maksatlarynyň we planlarynyň gizlin galmagyny islemeýär. Biz bir hakykaty bilen badymyza, Ol ony başgalar bilen paýlaşmaklyga çagyrýar. Töweregimizdäki adamlary Isa bilen tanyşdyrmak, olara Isanyň öz durmuşlary üçin niýetlän wezipesini açmaga kömek etmek hem olary bakyýetdäki ýaşaýşa taýýarlamak — bu beýik hormatdyr. Ýazgyda resul hemme zadyň
SIZ NÄMÄNIŇ HATYRASYNA ÝAŞAMAGY NIÝET EDÝÄRSIŇIZ?
Ömrümiziň galan bölegini Hudaýyň şöhratynyň hatyrasyna ýaşamak üçin bize özümiziň ilkinji derejeli zatlarymyzy, gün tertibimizi, planlarymyzy, iki taraplaýyn gatnaşyklarymyzy hem-de galan zatlarymyzyň hemmesini üýtgetmek gerek bolýar. Käwagt aňsat ýoluň deregine kynrak ýoly saýlamaly bolýar. Şeýle saýlaw sebäpli, hatda Isanyň Özüne-de kyn bolupdy. Ol Özüne haça çüýlenilmäniň garaşýandygyny bilendigi üçin:
Isa ýaýdanýardy. Ol Hudaýyň adyny şöhratlandyrmak bilen Özüne niýetlenen wezipäni ýerine ýetirermikä ýa-da Özi üçin asuda durmuşy saýlamak bilen şol wezipeden ýaňa yraň atarmyka? Biziň öňümizde-de edil şunuň ýaly saýlaw durandyr. Siz öz maksatlaryňyza ýetmäniň, öz amatlyklaryňyzyň we lezzetleriňiziň hatyrasyna ýaşarmysyňyz? Ýa-da ömrüňiziň galan ýyllaryny Onuň özüňize ebedi sylagy bermäge wada berendigi bilýändigiňiz üçin Hudaýyň şöhratyna bagyş edermisiňiz? Mukaddes Kitapda:
Bu meseläni bir gezekde hemişelik çözmäniň wagty ýetdi. Siz
Hudaý häzir hem sizi özüňizi ýaratmak bilen niýetlän wezipesini ýerine ýetirip, ömrüňiziň ahyryna çenli Öz şöhratynyň hatyrasyna ýaşamaklyga çagyrýar. Bu hem hakyky durmuş bolýandyr. Galan zatlaryň hemmesi ýöne bir
Birinjiden, ynanmak gerek. Hudaýyň özüňizi söýýändigine, sizi Özi üçin ýaradandygyna ynanyň. Özüňiziň tötänden ýaradylmandygyňyza ynanyň. Özüňiziň bakyýet üçin ýaradylandygyňyza ynanyň. Hudaý sizi özüňiz üçin haçda ölen Isa Mesihi şahsy tanamaklyga niýetländigine ynanyň. Öňki hereketleriňize we günäleriňize seretmezden, Hudaýyň özüňizi bagyşlamak isleýändigine ynanyň.
Ikinjiden, kabul ediň. Isa Mesihi Reb hem Halasgär hökmünde kabul ediň. Hudaýyň öz durmuşyňyza niýetlän wezipesini ýerine ýetirmäge güýç berjek Öz Ruhuny kabul ediň. Mukaddes Kitap:
Eger siz bu dogany çynyňyz bilen, çyn ýürekden eden bolsaňyz, onda maňa özüňizi gutlamaga rugsat ediň! Hudaýyň maşgalasyna hoş geldiňiz! Indi siz Hudaýyň öz durmuşyňyza niýetlän wezipesini bilip, Onuň maksatlaryna laýyklykda ýaşap başlap bilersiňiz. Şu günki gelen kararyňyz barada kimdir birine gürrüň bermegiňizi men sizden çynym bilen haýyş edýärin. Goldaw hiç haçan hem artykmaçlyk edýän däldir. Eger siz maňa hat ýazsaňyz (2-nji Goşunda seret), men size «Siziň ruhy ösüşe tarapky ilkinji ädimiňiz» atly kitaby goýbererin.
Oýlanmak üçin hakykat: Hemme zat Onuň hatyrasyna we Onuň üçin ýaşaýandyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men özümiň gündelik durmuşymda nädip Hudaýyň şöhratyna köp düşünip we ony görüp bilerin?
BIRINJI MAKSAT
Siz Hudaýy şatlandyrmak üçin ýaradyldyňyz
Olara Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler.
8-nji gün
Hudaýy şatlandyrmak üçin ýaradylanlar
Ylham 4:11b
Zebur 149:4
Siz Hudaýa lezzet bermek üçin ýaradylansyňyz.
Siz dünýä inen wagtyňyz, Hudaý munuň göze görünmeýän Şaýady bolupdy we size seredip,
Hudaýyň göwnüne ýaramak we Oňa şatlyk getirmek üçin ýaşamak — bu ýaşaýşymyzyň ilkinji maksadydyr. Şu hakykata akyl ýetireniňizden soň hiç haçan hem, özüňizi ähmiýetsiz duýmarsyňyz. Bu özüňiziň Onuň üçin nähili gymmatlydygyňyzy subut edýär ahyryn. Eger siz Hudaý üçin
Hudaýyň adamlara beren beýik sowgatlarynyň biri-de, lezzeti duýma ukybydyr. Munuň üçin Hudaý bize bäş duýgyny hem her dürli emosiýalary sowgat berdi. Ol dişimizi gysyp ýörmän, ýaşaýşa şatlanmagymyzy isleýär. Bizde lezzeti duýma ukybymyzyň bardygynyň sebäbi, Hudaýyň bizi
Hudaýa hem duýgularyň ýat däldigini biz köplenç unudýarys. Onda çuň duýgular bardyr. Onuň gynanýandygyny, gabanýandygyny, gaharlanýandygyny, duýgudaşlykdan, nebsiagyryjylykdan, hasratdan, gynançdan, şeýle hem, bagtyýarlykdan, şatlykdan we lezzetden dolýandygyny Mukaddes Kitapdan görüp bolýandyr. Hudaý söýýär, begenýär, şatlanýar, methemet edýär, teselli berýär, lezzet alýar, hatda gülýärem (Gelip çykyş 6:6, Müsürden çykyş 20:5, Kanun taglymaty 32:36, Serdarlar 2:20, Ýyl ýazgylarynyň 1-nji kitaby, 16:27, 1 Patyşalyklar 10:9, Zebur 2:4, Zebur 6:5, Zebur 18:20, Zebur 35:27, Zebur 37:23, Zebur 103:13, Zebur 104:31, Ezekiýel 5:13, 1 Ýahýa 4:16).
Hudaýyň göwnünden turmanyň özüne-de «sežde etme» diýilýändir. Bu biziň durmuşymyzyň birinji we baş maksadydyr. Muladdes Kitapda:
Biziň Hudaýa lezzet berýän her bir işimiz sežde etme bolýandyr. Gymmat bahaly göwher kimin sežde etme-de
Antropologlar islendik medeniýetiň adamlarynyň hem instinktiw bir zada sežde edýändiklerini belleýär. Bu dyrjaşma hemme taraplaýyndyr. Hudaý biziň her bir damarjygymyzy Özi bilen gatnaşma talapgärliginden aňry ýany bilen doldurdy. Adam üçin sežde etmeklik edil iýmegiň we içmegiň tebigy bolşy ýaly tebigydyr. Eger biz Hudaýa sežde etmeýän bolsak, onda hökman Onuň ýerine bir zat tapýarys, käwagt şol tapan zadymyz özümiz hem bolup biler. Hudaýyň bizi şu isleg bilen ýaratmagynyň sebäbi, Ol Özüne muşdak gözleýär! Isa bu barada:
Belki, özüňiziň dini terbiýäňize we tejribäňize baglylykda size öz «sežde etme» düşünjäňizi giňeltmek gerek bolar. Belki-de, siz şu sözi eşideniňizde, derrew göz öňüne aýdym aýdylýan, doga edilýän, hökmany suratda wagyz hem edilýän ybadathana gullugy gelýändir. Ýa-da derrew dabaraly däp-dessur çäreleri, şemler we Rebbiň saçagy däbini geçirmeler ýadyňyza düşýändir. Sežde etme bu elementleriň hemmesini öz içine alyp biler, ýöne ol bu zatlaryň hemmesini birden alanyňdakydan-da
Sežde etme — bu ýöne bir sazdan has uly bir zatdyr. Sežde etme köp adamlar üçin bary-ýogy sazly gulluk bilen aňladylýan ýene ýir sözdür. Olar: «Biziň ybadathanamyzda ilki sežde etme, soň hem taglymat berme bolýar» diýýärler. Bu olarda sežde etmäniň özenini düýbünden nädogry göz öňüne getirýändikleriniň alamatydyr. Ýygnakdaky
Umuman, sežde etme saz peýda bolmazdan öňem bardy. Adam Erem bagynda Hudaýa sežde edýärdi. Ýöne saz birinji gezek Gelip çykyş kitabynyň 4-nji babynda, Ýubalyň dogluşy barada gürrüň gidende agzalýar (21 aýat). Eger sežde etmeklik diňe aýdym bilen sazdan ybarat bolan bolsa, onda bu ugurda hiç hili ukyby bolmadyklar asla sežde edip bilmezdiler.
Mundan beter hem bolup biler. Käwagt «sežde etme» diýlende, haýsydyr bir sazyň
Eger şu logika eýersek, onda tiz we gaty ses bilen ýa-da üflenip çalynýan gurallar bilen ýerine ýetirilýän aýdymlar öwgi aýdymlary bolýar. Ýöne ol haýal, ýuwaş ses bilen we ýürekden diňe bir gitara bilen aýdylsa, onda awtomatiki usulda sežde bolýan bolýar duruberýär. Häzir «sežde etme» sözüniň şunuň ýaly nädogry ulanylyşy giňden ýaýran bolsa gerek. Ýöne sežde etme aýdymyň stiline, gatylygyna ýa-da tempine bagly däldir. Hudaýa islendik saz hem ýaraýar, sebäbi tiz ýa-da haýal aýdylýan bolsun, gaty we ýuwaş, täze we köne bolsun, umuman, sazyň ähli görnüşleriniň we stilleriniň awtory Oldur. Olaryň görnüşleriniň haýsy-da bolsa biri ýaraman biler, ýöne Hudaý munuň ýaly däldir. Eger adam öz sazyny Hudaýa ruhda hem çyn ýürekden getirse, bu sežde bolup biler.
Mesihiler köplenç sežde etmek üçin sazyň haýsy stilini ulanmalydygy barada köp jedelleşýärler-de, Hudaýa beýlekilerden has gowy ýaraýan Mukaddes Kitapda ulanylan sežde etme stili hökmünde öz göwünlerine ýaraýan stili öňe sürýärler. Ýöne Mukaddes Kitap saz stili diýen düşünje asla ýokdur. Mukaddes Kitapda nota ýazgylary ýokdur. Ol döwürlerde ulanylan saz gurallary-da häzir ýok.
Hakykatyny aýtsak, siziň öňe sürýän saz stiliňiz Hudaý barada köpräk gürrüň bermeýär-de,
«Mesihilik sazy» diýen zat okdur. Aýdymlarda ulanylýan mesihilik sözleri bolup biler. Islendik bir sazly ruhy eseri sazy däl-de, sözleri ruhy edýändir. Ilkinji ruhy saz ýokdur. Eger men size sözsüz bir saz çalyp bersem, onda siz onuň «mesihi» sazdygyna ýa-da däldigine düşünmersiňizem.
Sežde etme biziň üçin niýetlenen däldir. Men ruhy çopan bolandygym sebäpli, ine, şunuň ýaly hatlary köp alýaryn: «Şu günki sežde etme maňa diýseň ýarady, men ondan köp zat aldym». Bu sežde etme baradaky ýene-de bir nädogry pikirdir. Sežde etme siziň üçin niýetlenen däl ahyryn! Biz Hudaýa sežde edýäris, şonuň üçin sežde edenimizde, öz-özümize däl-de, Oňa şatlyk getirmäge jan edýäris.
Eger siz haçan hem bolsa bir wagt: «Bu gün men sežde etmeden hiç zat alyp bilmedim» diýen bolsaňyz, bir zady bilip goýuň, şol gün siz nädogry meýil bilen sežde edipsiňiz. Sežde etme size däl-de, Hudaýa niýetlenilendir. Elbetde, ýekşenbe günündäki ýygnaklaryň aglaba bölegi gürleşme, öwüt-nesihat berme, Hoş Habary wagyz etme we sežde etme ýaly elementleri öz içine alyp biler. Bular bize köp peýda-da getirip biler, ýöne biz öz göwnümizden turmak üçin sežde etmeýäris. Biziň baş maksadymyz Ýaradany şöhratlandyrmak we begendirmek bolmalydyr.
Işaýa pygamberiň kitabynyň 29-njy babynda Hudaý adamlaryň Özünde ikiýüzlülik hem perwaýsyzlyk bilen sežde edýändiklerinden zeýrenýär. Ysraýyllylar Onuň ýanyna lenji çykyp giden dogalar, çyn ýürekden bolmadyk öwgüler, boş sözler we özleriniň oýlap tapan dabaralary bilen gelýärler, ýöne bolýan zatlaryň çuň manysy barada pikir hem etmeýärler. Biziň seždämizde Hudaýa köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlar däl-de, hyjuwlylyk we bagyş edilme gerekdir. Mukaddes Kitapda:
Sežde etme — bu biziň durmuşymyzyň bir bölegi däl-de, durmuşymyzyň özüdir. Biz diňe bir ýygnakda sežde etmeýäris. Bize
Eger Rebbiň öwgüsi, şöhraty we şatlygy üçin edýän bolsak, onda islendik iş hem seždä öwrülip biler. Mukaddes Kitapda:
Biz nädip hemme işleri Hudaýyň şöhraty üçin edip bileris? Eger hemme zady edil Isa Mesihiň Özi üçin edýän ýaly edip başlasak, şonda Onuň bilen hemişe gürleşip dursak, onda muny edip bileris. Mukaddes Kitapda:
Hemme zady Reb üçin edýän ýaly etmeli: ine, sežde etmeden doly bolan durmuşyň syry nämede eken. Işimizi Hudaýa bagyş edenimizde we ony Onuň bardygyny duýup ýerine ýetirenimizde, ol sežde etme bolar. Rimliler 12:1 Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki häzirki zaman terjimesinde şeýle beýan edilýär:
Men özümiz geljekki aýalyma ýaňy aşyk bolan wagtlarym, ol hakda pikirlenmegi bes etmeýärdim. Näme etsemem — ertirlik naharyny edinsemem, kolleje gitsemem, sapakda otursamam, dükanda nobata dursamam, maşynyma ýag guýdursamam — hemişe şol haýran galdyryjy zenan hakda pikirlenýärdim. Men ondaky özüme ýaraýan zatlaryň hemmesini pikirimde saýlap, ol hakda öz-özüm bilen gürleşýärin. Şunuň kömegi bilen hem, biri-birimizden ýüzlerçe mil uzaklykda ýaşaýan bolsagam, başga kollejde okaýan bolsagam, men onuň ýakynlygyny duýýardym. Men hemişe ol barada pikirlenmek bilen
Oýlanmak üçin hakykat: Men Hudaýy şatlandyrmak üçin ýaradyldym.
Ýat tutmaly aýat: «Reb Öz halkyndan hoşallanýar» (Zebur 149:4).
Oýlanmak üçin sorag: Men gündelik edýän işlerimiň haýsysyny edil Isanyň Özi üçin edýän ýaly edip başlap bilerin?
9-njy gün
Hudaýa näme şatlyk hem lezzet getirip biler?
Çölde 6:25
Zebur 119:135
Biziň durmuşymyzyň maksady Hudaýy şatlandyrmakdan ybaratdyr.
Hudaýa şatlyk getirmek durmuşymyzyň ilkinji derejeli işi bolandygy üçin, bu işi nähili etmelidigini bilmeklik iň esasy zatdyr. Mukaddes Kitapda:
Nuhuň günlerinde dünýä ahlak taýdan weýran bolma gark bolupdy. Her kim Hudaýyň göwnünden turjak bolup däl-de, öz keýpi üçin ýaşaýardy. Hudaý ýeriň ýüzünde Özüni begendirmäge dyrjaşýan ýekeje-de adamy tapyp bilmeýär, şonuň üçin gynanyp, aslynda adamy ýaradandygyna ökünýär. Ýerdäki umumy azgynçylyk Oňa şeýle bir ýigrenji görünýärdi welin, Ol hatda adamlary ýeriň ýüzünden doly süpürip taşlamagy ýüregine düwdi. Ýöne Ol soň bir adamy görýär. Şol adam sebäpli Onuň ýüregine şatlyk oýanýar. Mukaddes Kitapda:
Hudaý: «Bu ýigit Meniň göwnümden turýar. Oňa seretmek ýakymly. Gel, men hemme zady ondan we maşgalasyndan täzeçe başlaýyn!» diýip pikir etdi. Bu gün siziň bilen biz Nuhuň Hudaýa şatlyk getirendigi üçin ýaşap ýörüs. Nuhuň durmuşy bolsa bize, Rebde hoşallyk we şatlyk döredip biläýjek sežde etmäniň bäş usulyny beýan etmäge mümkinçilik berýär.
Özüni hemme zatdan güýçli söýenimizde, Hudaý ýylgyrýar. Nuh Hudaýy dünýädäki hemme zatlardan-da güýçli söýýärdi. Ol Ony hatda töweregindäkileriň hiç haýsysynyň Reb bilen
Ine, Hudaý hemme zatdan öňürti nämäniň bolmagyny isleýär. Ol biziň Özi bilen şahsy aragatnaşyklarymyzyň, ýakyn iki taraplaýyn gatnaşyklarymyzyň bolmagyny isleýär. Bu dünýädäki iň haýran galdyryjy aragatnaşykdyr. Dünýäniň Ýaradyjysy biziň bilen gürleşmek isleýär. Hudaý sizi söýmek üçin ýaratdy, şonuň üçin siziň hem edil şonuň ýaly jogap bermegiňizi isleýär. Ol:
Şu setirleri okanyňyzda, Hudaýyň yhlasyny, Onuň siziň bilen bolmak üçin bildirýän gyzgyn islegini duýýarmysyňyz? Özüňe şunuň ýaly joşgunlyk bilen ýüzlenenlerinde, eýsem, yzyňa öwrülip, ýüz ugra gidip bolarmy? Hudaý sizi çuň söýýär, şonuň üçin siziň söýgiňizie-de teşne bolýar. Ol siziň Özüni tanamagyňyzy we Özi bilen wagt geçirmegiňizi yhlas bilen isleýär. Ol sizi görüp şatlanýar. Hudaý bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryňyzy çuňlaşdyrmak, Ony söýmegi öwrenmek we Onuň söýgüsini kabul etmek, ine, siziň durmuşyňyzyň esasy jan etmesi näme bolmaly eken. Başga hiç bir zat hem munuň bilen deňeşip bilmez. Isa muny ilkinji we iň beýik tabşyryk hökmünde belläp:
Özüne doly ynananymyzda Hudaý ýylgyrýar. Ikinjiden, Nuh hatda Hudaýyň hereketlerine asla düşünmedik wagtynda-da, Onuň göwnünden turdy. Mukaddes Kitapda:
Şunuň ýaly keşbi göz öňüne getirip görüň: günleriň birinde Hudaý Nuhuň ýanyna gelýär-de: «Meniň adamlardan gaty erbet göwnüm galdy. Bütin dünýäde senden başga hiç kim Men hakda pikir etmýär. Ýöne bilýärsiňmi Nuh, saňa seredenimde Men hemişe ýylgyrýaryn. Men seniň durmuşyňdan razy, şonuň üçin hem, bütin dünýäni suwa gark edip, hemme zady senden we maşgalaňdan täzeçe başlamakçy bolýaryn. Şonuň üçin özüňi we jandarlary halas etmegiň üçin senden ullakan gämi ýasamagyňy haýyş edýärin» diýýär.
Şol ýagdaýda Nuhda şübhe döredip biläýjek üç zat bardy. Birinjisi, Nuh ýagşyň nämedigini bilmeýärdi, sebäbi Hudaý ýeri aşagyndan suwarýardy (Gelip çykyş 2:5–6). Hut şonuň üçin hem, älemgoşar adamlar üçin täzelik boldy. Ikinjiden, Nuh ýakyndaky okeandan ýüzlerçe mil uzakda ýaşaýardy. Ol gämini guraýanda-da ony suwuň ýanyna nädip çekip äkitsin? Üçünjiden, ol haýwanlary ýygnap, soň olara seretmelide bolýardy. Emma Nuh azr edip, bahana gözläp oturmady. Ol Hudaýa doly ynandy. Bu hem Rebbe diýseň ýarady.
Hudaýa doly ynanmaklyk — bu biziň üçin nämäniň gowudygyny Onuň bilýändigine ynanmakdyr. Biz Onuň Öz beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine, kynçylykarda kömek etjekdigine we gerek bolsa mümkin bolmajak zady-da etjekdigine bil baglaýarys. Mukaddes Kitapda:
Gämi gurmak üçin Nuha 120 ýyl gerek boldy. Megerem, ol ýekeje gezegem göwnüçökgünlige düşen däldir. Ýyllar geçýärdi, ýagyş bolsa entegem ýokdy, şonuň üçin ony erbet öjükdirip, «aklyndan azaşan» diýip atlandyryp: «Seretsene, özüni Hudaý özi bilen gürleşýän ýaly edip görkezjek bolýar» diýendirler. Belki, onuň çagalary edil öz öýleriniň ýanynda ägirt uly gäminiň ýasalyp durlandygy sebäpli, utanandyrlar we özlerini oňaýsyz duýandyrlar. Ýöne Nuh şonda-da Hudaýa ynanmasyny dowam etdirdi.
Siziň durmuşyňyzda Hudaýa doly ynanmaly bolan ýerleri barmy? Ynanmak — bu hem sežde etmekdir. Çagalary öz akyldarlygyna we söýgüsine bil baglanlarynda, ene-ata hemişe-de begenýändir. Hudaý hem edil şunuň ýalydyr. Biziň ynamymyz Oňa aýdyp bolmajak şatlyk getirýändir. Ýazgy: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir» (Ýewreýler 11:6) diýýär.
Biz bütin ýüregimiz bilen Özüne boýun bolanymyzda Hudaý ýylgyrýar. Ýerdäki haýwanat dünýäsini bütindünýä suw basmasyndan halas etmek üçin Nuh material-tehniki üpjünçilige we bu operasiýanyň köp sanly ownuk-uşaklyklaryna ýiti üns bermelidi. Hemme zady Rebbiň
Üns beriň, Nuh Hudaýa
Eger Hudaý sizden äpet uly bir gämi ýasamagy sorasa, sizde käbir soraglar, garşy çykmalar we şübheler peýda bolardy. Ýöne Nuhda weliň bolmady. Ol bütin ýüregi bilen Hudaýa boýun boldy. Şunuň ýaly gürrüňsiz boýun bolmaklyk biziň Hudaýyň görkezmelerini şübhesiz we bahanasyz ýerine ýetirýändigimizi aňladýar. Diýen edijiligi gaýra süýşürip goýmalyň. «Men munuň üçin doga ederin» diýmän, özümize aýdylan zady haýal etmän edeliň. Möhleti geçen diýen edijiligiň hakyky diýen etmezlik bolýandygyny islendik ene-ata-da bilýändir.
Hudaý Öz buýruklarynyň hemmesiniň sebäbini we özenini size düşündirmäge borçly däldir. Düşünmäni soňa goýup bolar, ýöne diýen edijilik gaýra goýulmany gowy görýän däldir. Hudaýa derrew gulak asmaklyk, uzak ýyllaryň dowamynda Mukaddes Kitaby okanyňa we jedelleşmelere garanda, Hudaýy gowy tanamaklyga kömek edýär. Mundan başga-da, käbir tabşyryklara özlerini ýerine ýetirip başlaýançaňyz, barybir düşünmeýärsiňiz. Boýun bolmaklyk düşünmeklige tarapky gapyny açýandyr.
Biz ýygy-ýygydan Hudaýa diňe käwagt boýun bolmaga synanyşýarys. Biz Onuň tabşyryklaryndan özümize ýaraýanlaryny saýlamak isleýäris. Biz gowy görýän tabşyryklarymyzyň sanawyny düzýäris-de, göwnümize paýhassyz, gaty zähmeti köp talap edýän, agram salýan ýa-da meşhur bolmadyk ýaly bolup görnenlerine bolsa üns bermeýäris. Bolýar, men ýygnaga gatnajak däl, gazanjymyň ondan birini berjek däl. Men Mukaddes Kitaby okamak bilen ylalaşýaryn, ýöne göwnüme degenleri bagyşlamaryn. Emma bölekleýin boýun bolmaklyk — bu hem boýun bolmazlykdyr.
Biz Hudaýa bütin ýüregimiz bilen tabyn bolup, Onuň tabşyryklaryny ynam bilen şatlykly ýerine ýetirýäris. Mukaddes Kitap bize:
Resul Ýakup eýýäm mesihi bolan adamlara seredip: «Adam diňe bir iman bilen däl, amallary bilen hem aklanýar» (Ýakup 2:24) diýýär. Hudaýyň Sözi özümiziň gutulyş alyp bilmejekdigimizi bize aýdyň düşündirýär. Gutulyş tagallalar bilen däl-de, merhemet bilen berilýär. Şonuň üçin siz Hudaýyň çagasy bolandygyňyz sebäpli, öz boýun bolmaňyz bilen Gökdäki Ataňyza şatlyk getirip bilersiňiz. Boýun bolup edilen islendik iş hem sežde etme bolup biler. Näme üçin biziň boýun bolmamyz Hudaýyň göwnüne ýaraýarka? Sebäbi boýun bolmaklyk biziň Ony hakykatdanam söýýändigimizi subut edýär. Isa:
Özüni şöhratlandyranymyzda we minnetdarlyk bildirenimizde Hudaý ýylgyrýar. Her kimde-de özüni öwseler, minnetdarlyk bildirseler, ykrar etseler we mynasyp bolşy ýaly baha berseler ýaraman durmaz. Töweregimizdäki adamlaryň çyndan öwmesi we hormat goýmasy bize lezzete garanda köp peýda getirýändir. Özüni öwseler we minnetdarlyk bildirseler, Hudaýyň hem göwnüne ýaraýar. Özüne öz begenjimizi beýan edenimizde Ol begenýär.
Nuhuň durmuşy Hudaýa lezzet berýärdi, sebäbi Nuhuň ýüregi öwgüden we minnetdarlykdan doludy. Ýer ýüzünde hiç kim Hudaýa sežde etmeýärkä-de, Nuh Oňa sežde edýärdi. Suw basmasyndan soň ol hemme zatdan öňürti Hudaýa gurbanlyk bermek bilen özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi hem şöhratlandyrdy.
Isanyň ölüminiň arkasyndan indi biz Nuh ýaly, mallary gurban getirmeýäris. Munuň deregine bize Hudaýa
Hudaýyň şöhratlandyran we Oňa minnetdarlyk bildiren mahalymyz aklyňy haýran ediji bir zat bolup geçýändir: biz Oňa ýakymly zady edenimizde, özümiziň hem ýüregimiz şatlykdan dolýar!
Ejem bize nahar bişirip bermegi diýseň gowy görýärdi. Men hatda öýlenenimden soň hem ene-atamy görmäge baranymda, ol hakyky meýlis guraýardy. Çagalarynyň iki owurdyny-da dolduryp, onuň özleri üçin taýýarlan zatlaryny iýşini oturyp synlamak ejem üçin iň esasy lezzetleriň biridi. Onuň nahary bize näçe köp ýarasa, oňa şonça-da ýakymly bolýardy.
Mundan başga-da, bize bişiren naharynyň özümize beren lezzeti üçin ejeme minnetdarlyk bildirmek ýaraýardy. Şeýdip, şatlyk ikitaraplaýyn bolýardy. Ejemiň taýýarlan pirogyny iýip bolanymdan soň, men pirogy hem ejemiň ezber ellerini yzyny üzmän öwýärdim. Şonda men diňe bir süýji iýmek däl-de, eýsem, ejemi-de şatlandyrmak isleýärdim. Şeýdip, hemmämiz bagtyýar bolýardyk.
Sežde etmek hem ikitaraplaýyn iş bolup durýandyr. Hudaýyň özümiz üçin eden zady biziň göwnümize ýaraýar. Biz muny Özüne aýdanymyzda, öwgimiz bilen minnetdarlygymyz Hudaýa lezzet betýär hem şol bir wagtyň özünde biziňem şatlygymyzy köpeldýär. Mezmurçy:
Öz alan sowgatlarymyzy we zehinimizi ulananymyzda Hudaý ýylgyrýar. Suw basmasyndan soň Hudaý Nuha, ine, şunuň ýaly ýönekeý buýruklary berýär-de:
Hudaý: «Ýaşamagy dowam etdirmäniň wagty geldi, şonuň üçin sizi nämä niýetläp ýaradan bolsam, şonuň hatyrasyna-da ýaşap başlaň. Jyns gatnaşyklaryny diňe ýanýoldaşyňyz bilen saklaň. Çagalary dogruň. Goý, siziň maşgalalaryňyz bolsun. Ekinler ekiň-de, naharlar taýýarlaň. Adam boluň! Men sizi hut şonuň ýaly ýaratdym ahyryn!» diýdi.
Belki, siz Hudaý diňe ruhy işleri edeniňizde, ýagny Mukaddes Kitaby okanyňyzda, ýygnaga geleniňizde, doga edeniňizde, imanyňyzy başga adamlar bilen paýlaşanyňyzda özüňizden hoşal bolýandyr öýdýänsiňiz. Belki, göwnüňize durmuşyňyzyň beýleki ugurlary Hudaýy gyzyklandyrmaýan ýaly bolýandyr. Ýöne esasynda Hudaýa siziň durmuşyňyzdaky iň ownujak zatlary-da synlamak ýaraýandyr. Ol siziň ýekeje hereketiňizi-de gözünden sypdyrýan däldir. Mukaddes Kitapda:
Öz çagalaryna guwanýan Ata hökmünde biziň Öz beren sowgatlaryny we ukyplaryny peýdalanmagymyza seretmek Hudaýa aýratyn şatlykly bolýar. Hudaý biziň her birimize bilgeşleýin her dürli sowgat berdi. Ol birnäçelerini sportsmen etdi, başgalara bolsa akyl taýdan aýratyn ukyp berýär. Sizde matematika, saza, mehanika ýa-da müňlerçe başga ukybyňyz bolar. Şonuň üçin, eger Hudaýyň özüňize beren sowgatlarynyň sazlaşygyny ulansaňyz, Ol şatlykdan ýaňa hökman ýylgyrar. Mukaddes Kitapda: «Her biriniň ýüregini ýaradan, olaryň ähli işlerine düşünýän Oldur» (Zebur 33:15) diýilýär.
Eger Hudaýyň beren sowgat beren zehinlerini ýere gömüp goýsaňyz ýa-da başga birine öýkünmäge synanyşsaňyz, Hudaýa şöhrat ýa-da lezzet berip bilmersiňiz. Diňe özümiz bolan ýagdaýymyzda Hudaýy şatlandyryp bileris. Her gezek öz şahsyýetimizdäki haýsydyr bir bölegi ret edenimizde, özümizi ýaradan Hudaýyň akyldarlygyny we beýik islegini ret edýäris. Reb:
Mundan başga-da, Öz ýaradan zatlaryndan
Hatda uklap ýatyrkaňyz hem, Hudaý size garamagy gowy görýär. Özümiň kiçijik çagalarymyň uklaýşyny synlamak maňa-da aýdyp bolmajak lezzet berýärdi. Olar uklaýançalar diýenimizi etmän, bizi uly alada goýýardylar, ýöne ukydakalar olar parahat, hoşal we ünjüsiz bolýardylar. Şonda ýene-de olary şeýle güçli söýýändigim meniň ýadyma düşýärdi.
Çagalaryma meniň göwnümden turmak kyn bolmaýardy. Men olaryň ýöne bir dem alyşlaryna seredibem, lezzet alýardym, sebäbi olary tükeniksiz söýgi bilen söýýärdim. Men olaryň kiçijik döşjagazlarynyň ýokary galyp, aşak düşüşini görýärdim-de, bagtyýar ýylgyrýardym. Käwagt bolsa, gözlerime mähir ýaşlary hem dolýardy. Siz uklap ýatan wagtyňyz Hudaý size söýgi bilen seredýär, sebäbi sizi Onuň Özi oýlap tapdy we ýaratdy, şonuň üçin Ol sizi edil dünýäde başga adam ýok ýaly söýýär.
Ene-atanyň çagasyna şatlanmagy üçin ilki bilen olaryň çagalarynda kämillik ýa-da hiç bolmanda berk, durnugyşan häsiýet görmegi gerek däldir. Olar çagalaryna olaryň ösüşiniň her etapynda guwanýar. Hudaý siziň günäleriňiziň we eden etmişleriňiziň, ähli ejizlikleriňiziň we kämilsizligiňiziň hemmesini bilýär, ýöne siz
Belki, çagakaňyz ene-ataňyzyň ýa-da mugallymyňyzyň göwnünden turmagyň mümkin däl bolan bolmagy mümkin. Ýöne Hudaý hem edil şonuň ýalydyr diýip pikir edäýmäň. Siziň kemsiz-kössüz, günäsiz durmuşda ýaşamaga ukyply däldigiňizi Ol bilýär. Mukaddes Kitapda: «Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zebur 103:14) diýilýär.
Hudaý hemme zatdan öňürti biziň ýüregimiziň gurluşyna ýerleşişine seredýär. Bizde Hudaýyň göwnünden turjak bolma islegi barmy? Ýüregimiz beýleki islegleriň hemmesinden ýüz öwürýärmi? Resul Pawlus hut şuny hem isläpdir:
XXI asyrda-da Hudaý Nuha meňzeş, ýagny Özüni şatlandyrmanyň hatyrasyna ýaşamaga taýýar bolan we isleg bildirýän adamlary gözleýär. Ýazgyda:
Hudaýyň göwnünden turmak üçin ýaşarmysyňyz? Hudaý bolsa şu maksatdan püre-pür bolan adamdan hiç zadyny aýamaz.
Oýlanmak üçin hakykat: Men Özüne ynananymda bu Hudaýa ýaraýar.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Hudaýyň meni tanaýandygy üçin men Oňa durmuşymyň haýsy ulgamyny hemmesinden güýçli ynanyp bilerin?
10-njy gün
Sežde etmäniň ýüregi
Rimliler 6:13
Sežde etmäniň ýüregi — bu doly bagyş edilme, tabyn bolma, özbaşyna gürrüňsiz boýun egmekdir.
«Boýun egmek», «ýan bermek» ýaly sözler we düşünjeler juda bir meşhur däldir. Olar «tabyn bolmak» diýen söz ýaly, bizde ýakymsyz duýgy döredýärler, sebäbi olar biziň käbir zatlary ýitirmelidigimizi, käbir zatlardan mahrum bolmalydygymyzy göz öňünde tutýar. Bu bolsa hiç kime-de ýaraýan däldir. Olar bilen söweşde ýeňlendigiňi, sport oýnunda utulandygyňy ýa-da özüňden güýçlüräk duşmanyňa ýol bermelidigi boýun almak ýaly ýakymsyz assosiasiýa bilen baglanyşyklydyr. Bu söz hemişe otrisatel kontekstde ulanylýar. Tussag edilen jenaýatçylar hem häkimiýete
Bäsdeşligiň höküm sürýän dünýäsinde bize hiç haçan eliňi sowatmaly däldigini, üstünlige ýetjek bolup dyrjaşmaňy bes etmeli däldigini, hiç haçan ýan bermeli däldigini öwredýärler, şonuň üçin boýun synmaly däldigi barada gaty köp eşidýäris. Eger durmuşdaky esasy zat ýeňmek bolsa, onda boýun egmek ýa-da göreşi bes etmek hakda gürrüň etmegiň
Mundan soň resul Pawlus Rimlilere hatyň on bir babynyň dowamynda Hudaýyň akla sygmajak merhemetini düşündirýär-de, özümizi Hudaýa sežde etmeklige doly bermeklige bizi çagyrýar. «…
Hakyky sežde etme, ýagny Hudaýyň göwnünden turma, özümizi Oňa doly beren pursatymyzdan başlanýar. Bu aýatda gürrüňiň
Hudaýa gurban getirmäniň özi hakyky sežde etmedir.
Mesihiler bu ädimi her dürli, ýagny özüňi Hudaýa bagyş etme, Isa Mesihi öz Rebbiň etmek, öz haçyňy almak, özüň üçin ölmek, Ruha boýun bolmak hökmünde atlandyrýarlar. Esasy zat bu hereketi özümiz üçin nähili atlandyrýandygymyza däl-de, ony her birimiziň etmegimizdedir. Hudaý siziň bütin durmuşyňyzyň Özüne degişli bolmagyny isleýär. Ol durmuşyňyzyň ahyryna çenli Özüne degişli bolmagyny isleýär. Durmuşyňyzyň togsan bäş göterimi-de Oňa az bolýar. Özümizi Hudaýa doly bermeklige päsgel berýän üç sany böwedi bardyr. Olar gorky, tekepbirlik we nadanlykdyr. Biz Hudaýyň özümizi nähili güýçli söýýändigine akyl ýetirmeýäris, durmuşymyzy özümiz dolandyrjak bolýarys we munuň ýaly bagyş edilmäniň özenine düşünmeýäris.
Hudaýa ynanmak bolýarmy? Özüňi kimdir birine ýa-da nämedir bir zada bermek, bagyş etmek üçin şoňa ynanmak zerurdyr. Biz Hudaýa ynanmagy öwrenýänçäk, özümizi Oňa berip bilmeýäris. Hudaýy hem gowuja tanaýançaň, Oňa ynanyp bilmeýärsiň. Bize özümizi Hudaýa doly bagyş etmeklige gorky päsgel berýär, ýöne
Hudaýyň özümi söýýändigine men nädip ynanyp bilerin? Ol munuň üçin birnäçe köp subutnamalary görkezýär. Bize söýgi bilen garaýandygyny Hudaýyň Özi aýdýar (Zebur 145:9), Ol bizi gözleriniň astyndan hiç haçan hem sypdyrmaýar (Zebur 139:3). Ol biziň durmuşymyzdaky ownuk-uşak zatlara biperwaý däldir (Matta 10:30). Ol bize her dürli lezzetleri duýma sylagyny berdi (1 Timoteos 6:17b). Onda biziň durmuşymyz üçin iň gowy niýetler bardyr (Ýeremýa 29:11). Ol bizi bagyşlaýar (Zebur 86:5). Ol bize sabyrlylyk bilen daraýar (Zebur 145:8). Hudaý sizi göz öňüne getirip bilşiňizden-de güýçli söýýär.
Şol söýginiň iň beýik beýan edilmesi Onuň Oglunyň siziň üçin ölmesi bolupdy.
Hudaý zalym gul satyjy ýa-da tabyn bolmany gödek güýç bilen gazanýan gazaply hökümdar däldir. Ol biziň islegimizi döwmeklige synanyşmaýar-da, ýüregimizi Özüne islegimiz boýunça özümiziň getirmegimiz üçin mylaýym hem çagyryjylykly äheň bilen ýalbarýar. Ol bize söýgi bilen azat bolmany uzadýar, şonuň üçin Oňa boýun bolmak bilen biz gulçulyga düşmeýäris-de, gaýtam, azatlyk alýarys. Özümizi Isanyň eline doly bermek bilen öz öňümizde zulum edijiniň däl-de, Halasgäriň, başlygyň däl-de, Doganyň, diktatoruň däl-de, Dostuň durandygyny görýäris.
Öz ejizliklerimizi boýun alyp. Hudaýa doly bagyş edilmegimizdäki ikinji päsgelçilik — bu biziň tekepbirligimizdir. Biz özümiziň mahluklygymyzy, häkimiýeti öz elimizde saklamaga ukypsyzdygymyzy boýun almak islemeýäris.
Ady belli ylahyýetşynas we wagyzçy E. U. Tozer: «Biziň köpimiz entegem iki ýana urnup, gözläp öňe-de asla süýşmeýäris diýen ýalydyrys, sebäbi öz resurslarymyzdan almadyk, ony gutarmadyk, doly lapykeçlik nokadyna ýetmedik. Biz entegem buýruk bermäge we Hudaýyň öz içimizde etmek isleýän zadyna burnumyzy sokmak isleýäris» diýýär.
Biz Hudaý däldiris we
Biz aklymyz bilen öz ynsanlyk mahluk tebigatymyza düşünýäris, ýöne bu hakykaty empsiýa derejesinde kabul etmeklik aňsat däldir. Öz ejizliklerimize we çäklendirilmelerimize baryp urlanymyzda, derrew gaharlanyp, öýkeläp we gyzyp başlaýarys. Biz boýumyzdan uzynrak (ýa-da gysgarak), akyllyrak, güýçlüräk, zehinliräk, owadanrak, baýrak bolmak isleýäris. Biz bütin dünýäni eýelemek we dünýädäki hemme zatlary etmek isleýäris, ýöne munuň ýaly bolmadyk mahaly bizi gahar gurşap alýar. Soňrak özümizde ýok bolan şol ukyplary Hudaýyň başga adamlara berendigini görenimizde, gabanyp, olara göripçilik edip, özümize nebsimizi agyrdyp başlaýarys.
Doly tabyn bolma näme? Hudaýyň doly tabyn bolma — bu gutulgysyzlygyň öňündäki passiw sadyklyk, fatalizm we ýaltalyk üçin bahana däldir. Bu zatlaryň gurnalan ýagdaýyny nalaman kabul etmekdir. Käbir ýagdaýlarda ol düýbünden başgaça bolan zady talap edýär. Mysal üçin, ýamanlyga we adalatsyzlyga garşy göreşde öz janyňy pida etmekligi ýa-da möhüm üýtgeşmelere ýetmegiň hatyrasyna görgi görmekligi talap edýär. Hudaý köplenç Özüne bagyş edilen adamlary Öz adyndan söweşe başlamaklyga çagyrýar. Hudaýa bagyş edilme başgalaryň özüne aýagyny süpürmegine ýol berýän gorkaklar ýa-da gaýratsyz nalajedeýinler üçin däldir. Tabyn bolmak üçin beýniňi işledip, islendik rasional pikirlenmeden ýüz öwürmek asla hökman däldir. Hudaýa bize Öz beren aklyny ýele sowrup goýbermek nämä gerek? Hudaý biziň Özüne mehaniki tabyn robot ýaly gulluk etmegimizi islemeýär.
Tabyn bolmaklyk şahsyýeti basmany aňlatmaýar. Hudaý Özüniň bize sowgat beren ukyplarynyň ajaýyp sazlaşygynyň üsti bilen hereket etmek isleýär. Tabyn bolmaklyk şahsyýeti kiçeltmäniň deregine, gaýtam, ony çuňlaşdyrýar, ony has-da doly hem hakyky edýär. Bir gezek Klaýw Lýuis: «Hudaýa näçe köp boýun boldugymyzça-da, hakyky özümize şonça-da meňzeş bolýarys, sebäbi bizi Ol ýaratdy. Bizi şeýle dürli edip Ol oýlap tapdy... Şonuň üçin diňe Mesihe ýüzlenenimde we Oňa özümi berenimde, mende ilkinji gezek özümiň hakyky ýüzüm peýda bolup başlaýar» diýip belleýär.
Tabyn bolmaklyk diýen edijilikde hem-de Reb özümizden her gezek bir zat haýyş edende: «Bolýar Rebbim!» diýip jogap bermekde hemmesinden gowy peýda bolup başlaýar. Umuman: «Ýok Rebbim!» diýmeklik öz-özünden garşydaşlyk bolup durýar. Isany Reb hökmünde atlandyrybam, Oňa boýun bolmakdan ýüz öwürmek mümkin däldir. Şonuň ýaly boýun bolmany biz uzak gije sermensek-de, netijesiz bolan balyk tutmadan soň, Isa ýene-de gaýyga münüp, torlary taşlamagy buýruk berende: «Halypam! Bu gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne
Doly tabyn bolmanyň ýene-de bir jähti ynanmaklyk bolup durýandyr. Ybraýym Hudaýyň alyp barýan ugrunyň
Köp adamlar üçin Hudaýa öz puluny bagyş etmek hemmesinden kyn bolýar. Olar takmynan şeýle pikir edýärler: «Men Hudaý üçin ýaşamak isleýärin, ýöne mundan başga-da, gurply we üpjünçilikde ýaşamak hem-de günleriň birinde arkaýyn pensiýa gitmek isleýärin». Ýöne gowy pensiýa Hudaýa bagyş edilen durmuşyň maksady bolmaly däldir, sebäbi pul adam ünsüni tutuş eýeläp, Hudaýyň Özüniň bäsdeşi bolýan pursatlary az bolmaýar. Isa:
Özüňi inkär etmäniň we bagyş etmäniň iň gowy göreldesi — bu Isadyr. Ol haça çüýlenilmeziniň öň ýanynda Özüni Hudaýyň halas etme maksadynyň ýerine ýetmegi üçin doly berýär. Ol:
Isa: «Hudaýym! Eger
Hakyky tabyn bolma: «Atam, eger bu kynçylyk, kesel, görgi ýa-da ýüze çykan ýagdaýlar Seniň maksadyňy ýerine ýetirmek üçin zerur bolsa we meniň durmuşyma ýa-da başga biriniň durmuşyna şöhrat getirýän bolsa, onda Senden haýyş edýärin, ony menden aýyrma!» diýýär. Ruhy kämilligiň şunuň ýaly derejesi aňsat düşýän däldir. Isanyň Özi-de Hudaýyň maksadynyň manysy we ähmiýeti hakda oýlananda şeýle bir kynçylyk çekdi welin, hatda Onuň maňlaýyndan ganly der akdy. Tabynlyk we bagyş edilme — bu agyr zähmetdir. Biziň ýagdaýymyzda bolsa — bu özümiziň şahsy egoistik tebigatymyza garşy alnyp barylýan tutanýerli hem dartgynly göreşdir.
Tabynlyk ak pata hökmünde. Özümizi Hudaýa bagyşlap hem tabyn edip sežde edenimizde, durmuşymyzda nähili ak patalaryň peýda bolýandygyny Mukaddes Kitap diýseň düşnükli aýdýar. Birinjiden, kalbymyza rahatlyk aralaşýar:
Soň azatlyk alýarys:
Ýeşuwa öz durmuşyndaky iň uly söweşiň öň ýanynda Hudaýyň öňüne gelip, Onuň öňünde sežde edip, dyza çökýär-de, öz planlarynyň we niýetleriniň hemmesini Onuň eline berýär (Ýeşuwa 5:13-15). Bu tabynlyk Erihanyň üstünden haýran galdyryjy ýeňşi gazanmaga alyp bardy. Tabynlyk biziň güýjümizi almaýar-da, gaýtam, bizi berkidýär. Özümizi Hudaýa berenimizden soň, ýene-de kimdir birine ýa-da nämedir bir zada tabyn bolmalydygyndan gorkman bileris. «Halas ediji Goşuny» esaslandyryjy Uilýam But: «Adamyň güýji onuň tabynlygynyň derejesi bilen ölçelýändir» diýýär.
Hudaý özlerini tutuşlygyna Özüne bagyş eden adamlaryň üsti bilen hemmesinden güýçli hereket edýär. Hudaýyň Isanyň ejesi bolmak üçin Merýemi saýlamagynyň sebäbi onuň aýratyn bir zehinli, owadan ýa-da baý bolandygy üçin däl-de, özüni Hudaýa doly bagyş edendigi, özüni Onuň eline berendigindedi. Perişde Merýeme Hudaýyň geň galdyryjy maksadyny aýdanda, asudalyk bilen:
Bu iň gowy ýaşaýyş obrazydyr. Biziň her birimizem özümizi kimdir birine ýa-da nämedir bir zada berýäris, bagyş edýäris. Eger siz özüňizi Hudaýyň eline bermeseňiz, onda hökman jemgyýetçilik pikirine, pula, gorka, öz tekepbirligiňize, aýgyrlygyňyza ýa-da men-menligiňize tabyn bolarsyňyz. Biz sežde etmek üçin ýaradyldyk, şonuň üçin eger diri Hudaýyň öňünde dyza çökmesek, onda hökman özümize tabyn bolmagymyz üçin başga hudaýlary (butlary) edinýäris. Siz kime boýun bolmalydygyny saýlamakda erkinsiňiz, ýöne öz saýlawyňyzyň netijesinden azat edilmeýärsiňiz. Ilaý Stenli Jons şeýle diýýär: «Eger Mesihe tabyn bolmasaň, onda bulam-bujarlyga tabyn bolarsyň».
Hudaýa tabyn bolma — bu diňe bir
«Şatlykly Habaryň» häzirki zaman terjimesinde şu pikir: «Diňe şunuň ýaly gulluk
Belki, beýle etmek üçin size uzak ýyllar gerek bolar, ýöne günleriň birinde öz durmuşyňyzdaky Hudaýyň ak patalaryna çynlakaý päsgel berýän zadyň töweregiňizdäkiler däl-de, özüňizdigine, ýagny özerkliligiňizdigine, kejir tekepbirligiňizdigine, şahsy oý-pikirleriňizdigine düşünersiňiz. Eger diňe öz niýetleriň we planlaryň barada pikirlenip ýörýän bolsaňyz, Hudaýyň öz durmuşyňyz üçin niýetlän wezipesini ýerine ýetirmek mümkin bolmaz.
Eger siz Hudaýyň özüňizde çuň içki özgertmelerini geçirmegini isleýän bolsaňyz, onda hut şundan hem başlamaly bolar. Şonuň üçin geçmişdäki ökünçleriňizi, häzirki kynçylyklaryňyzy we geljek babatdaky planlaryňyzy, gorkularyňyzy, arzuwlaryňyzy, ejizlikleriňizi, öýkeleriňizi, endikleriňizi, mahlasy, hemme zadyňyzy Oňa beriň. Öz durmuşyňyzyň şturwalyndan eliňizi aýryň. Goý, ondaky kapitanyň ýerini Mesih eýelesin. Eger Ol nämedir bir zady Öz eline alsa, gorkup oturmaň, şonda bulam-bujarlyk bilen gözegçiliksizlik takyk bolmaz. Eger size öwredýän we yzyna düşürýän Mesihi Özi bolsa, onda siz hemme zady ýeňmäge ukyply bolarsyňyz. Şonda siz hem edil resul Pawlus ýaly:
Resul Pawlus üçin tabyn bolma we boýun egme pursaty Şama barýan ýolda, gözüňi gamaşdyryjy şöhle özüni ýere ýykandan soň bolýar. Beýleki adamlaryň ünsüni çekmek üçin mundan azrak dramaly waka hem ýeterlik bolýandyr. Nähili ýagdaý bolanda-da, munuň ýaly tabyn bolma bir gezekde hemişelik bolýan däldir. Pawlus:
Maňa size duýduryş bermäge rugsat ediň: eger siz Hudaýa doly bagyş edilip we tabyn bolup ýaşamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda gelen kararyňyz birnäçe gezek synaga sezewar bolar. Kawagtlar siz muşakgatly, hiç kimiň halamaýan, agyr zähmetli ýa-da birinji gezek seredeniňde etmek mümkin bolmajak ýaly bolup görnen ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolarsyňyz. Köplenç öz islegleriňize çapraz gelýän hereketleri etmeli bolarsyňyz.
Ýigriminji asyryň meşhur mesihi liderleriniň biri-de, «Mesih üçin Kampus» halkara guramasyny esaslandyryjy Bill Braýtdyr. Bu guramanyň işgärleriniň, «Dört ruhy kanun» hem-de (dört milliarddanda köpräk adamyň gören filmi bolan) «Isa» filminiň kömegi bilen bir ýüz elli milliondan-da köpräk adam Mesihe geldi. Diýmek şol adamlar bakyýetde Hudaý bilen bile bolarlar.
Men günleriň birinde Billden: «Aýtsana, Hudaý näme üçin seniň durmuşyňy şeýle güýçli ulanýarka we oňa ak pata berýärkä?» diýip soradym. Ol hem: «Men baryp, ýaşlyk döwrümde Hudaý bilen bir ylalaşyga gol çekişdim. Men ony sözüň göni manysynda kagyz ýüzüne ýazdym-da, aşagyna golumy çekdim. Ol ýerde: “Şu günden başlap men Isa Mesihiň guly bolaýryn” diýilýärdi» diýip jogap berdi.
Siz şonuň ýaly ylalaşyga gol çekdiňizmi? Ýa-da entegem, Onuň öz durmuşyňyzy Öz islegi boýunça dolandyrmaga hukugynyň bardygyny ykrar etmek islemän, Hudaý bilen biderek ýere çekeleşip we göreşip ýörmüsiňiz? Özüňizi Hudaýyň merhemetine, söýgüsine we akyldarlygyna bermäniň, bagyş etmäniň, tabyn bolmanyň wagty geldi.
Oýlanmak üçin hakykat: Sežde etmäniň ýüregi özüňi Hudaýa doly bermekdir.
Ýat tutmaly aýat: «…
Oýlanmak üçin sorag: Durmuşymyň haýsy jähtini Hudaýa tutanýerlilik bilen bermek islemeýärin?
11-nji gün
Hudaýyň ýakyn dosty bolmak
Rimliler 5:10
Hudaý siziň üçin iň gowy Dost bolmak isleýär.
Biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyz köp taraplydyr. Hudaý biziň Ýaradyjymyz, Rebbimiz, Mugallymymyz, Kazymyz, Atamyz, Halasgärimiz we köp-köp zadymyzdyr. (Zebur 95:6, Zebur 136:3, Ýahýa 13:13, Ýahuda 1:4, 1 Ýahýa 3:1, Işaýa 33:22, Işaýa 47:4, Zebur 89:27). Ýöne iň bir aklyňy haýran ediji we akla sygmajak hakykat Gudratygüýçli Hudaýyň biziň Dostumyz bolmak isleýändigindedir.
Biz Erem bagynda Hudaý bilen adamyň arasynda ajaýyp gatnaşygyň bolandygyny görýäris. Adam bilen How Hudaýyň ýakyn dostlarydylar. Şonda hiç hili däp-dessuram, çäre-de, hiç hili dinem bolmandyr-da, Hudaý bilen Onuň ýaradan adamynyň arasyndaky şahsy, söýgüden doly gatnaşyklar bolupdyr. Günäni hem gorkyny bilmeýän adamlar Rebbe guwanypdyrlar, Reb hem olara guwanypdyr.
Biz hemişe Hudaýyň barlygynyň içinde ýaşamak üçin ýaradyldyk, ýöne günä edilenden soň, şol hiç zat bilen gaýgylandyrylmadyk aragatnaşyklar ýitirilýär. Köneäht döwründe diňe birnäçe adam Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolma we dostlaşma hormatyna eýe bolup bildi. Ol Musa bilen Ybraýymy: «Öz dostlarym» diýip atlandyrdy. Ol Dawudy: «Öz ýüregime ýaraýan adam» diýip atlandyrýar. Eýýup, Hanok, Nuh dagy-da, Hudaý bilen berk dostlukly gatnaşykda bolýar (Müsürden çykyş 33:11, Ýyl ýazgylarynyň 2-nji kitaby 20:7, Işaýa 41:8, Ýakup 2:23, Resullaryň işleri 13:22, Gelip çykyş 6:8, Gelip çykyş 5:22, Eýýup 29:4). Emma olaryň döwürdeşleriniň aglaba bölegi Hudaýa dostlukly däl-de, gorky bilen seredýärdiler.
Isanyň gelmegi bilen hemme zat üýtgedi duruberdi. Ol Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklaryň başgaça, täze nusgasyny görkezdi. Indi bolsa, Isa biziň üçin gutulyş alyp, ýüreklerimizde Mukaddes Ruhy ýerleşdirenden soň,
Köneäht ruhanylaryna Hudaý bilen boljak duşuşyga bir sagat taýýarlanmak ýeterlik bolmaýardy. Biz bolsa Onuň ýanyna islendik pursatda baryp bilýäris. Mukaddes Kitapda:
Hudaý bilen dostluk diňe Hudaýyň merhemeti we Isa mesihiň gurbanlygy arkaly mümkin bolup bilýär.
Isa:
Hudaýyň özümi ýakyn dosty, özüniň içki ýakyn adamlarynyň agzasy etmek isländigini göz öňüne getirmek maňa gaty kyndy. Ýöne Mukaddes Kitap:
Hudaý biziň Özüni mümkin boldugyça çuň we ýakyndan bilmegimize
Biziň üçin iň beýik hormat — bu Hudaýy tanamak we söýmekdir, Hudaý üçin bolsa dünýädäki iň beýik lezzet — bu biziň Özüni tanaýandygymyzy we söýýändigimizi duýmakdyr. Hudaý:
Gudratygüýçli, göze görünmeýän, günäsiz Hudaý bilen çäkli, pany, günäli adamyň arasynda nähili ýakyn gatnaşyklaryň bolup biljekdigini göz öňüne getirmek maňa kyn düşýär. Hojaýyn bilen hyzmatkäriniň, Ýaradan bilen ýaradylanyň, hatda Ata bilen Onuň çagasynyň arasyndaky gatnaşyklara düşünmek has aňsat bolýar. Hudaýyň Özi bilen dost bolmaklyk — bu näme? Geliň, Hudaýyň dostlary bolan Mukaddes Kitap gahrymanlarynyň durmuşyna seredeliň we olardan Reb bilen dostlukly gatnaşyklaryň syrynyň nämededigini bileliň. Olaryň ikisi hakda şu bapda gürrüň ederis, galan dördüsi hakda indiki bapda gürrüň ederis.
NÄDIP HUDAÝA ÝAKYN DOST BOLMALY
Hemişelik gatnaşyk. Eger hepdede bary-ýogy ýekeje gezek ýygnaga barsaňyz, hatda gün içinde Onuň bilen birazrak wagt geçirseňiz hem, sizde hiç haçan Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklar bolmaz. Hudaý bilen dostluk öz durmuşymyzdaky ähli wakalary we duýgularymyzy paýlaşmamyzyň üstünde gurulýandyr.
Elbetde, Hudaý bilen günde wagt geçirme endigini ýola goýma örän wajyp hem-de zerur zatdyr, ýöne Ol siziň gün tertibiňiziň ýekeje punkty bolmak islemeýär. Ol biziň Özüni
Hudaý bilen gürleşmek üçin hökman Onuň bilen
Hemişe Hudaý bilen gürleşmegi nädip öwrenmelidigi baradaky klassiki eserleriň biri-de XVII asyrda Laurens (Lawrentiý) dogan tarapyndan ýazylan «Hudaýyň barlygynyň tejribesi» atly kitapdyr. Laurens dogan fransuz monastyrlarynyň birinde adaty aşhana işgäri bolupdyr. Ol gap-çanak ýuwmak, kartoşka arassalamak ýaly adaty işleri hem sežde etmä öwrüp bilipdir. Ol Hudaý bilen dostlugyň açarynyň işleýän işiň görnüşini üýtgetmekde däl-de, meşgullanýan zadyňa
Bu gün biziň göwnümize bolmasa, Hudaýa sežde etmek üçin könelişip giden adaty işlerden özümize «bir gyra çekilmek» gerek ýaly bolup görünýär. Ýöne munuň sebäbi Huduýyň barlygyny hemişe duýma tejribämiziň ýoklugyndadyr. Lourens dogana iň adaty işleriň arasynda-da Hudaýa sežde etmek kyn bolmandyr. Munuň üçin oňa dünýäden daşlaşmak, üýtgeşik ruhy ýekeligi gözlenämiň geregi bolmandyr.
Hudaý hut şuny hem görmek isleýär. Erem bagynda sežde etmeklik gerek bolan nähilidir bir aýratyn çäre bolmandyr-da, ýüregiň dowam edýän ýagdaýy bolupdyr. Adamdyr How Hudaý bilen yzyny üzmän gürleşipdirler. Hudaýyň hemişe öz ýanymyzdadygy sebäpli, Onuň häzirkiňizden ýakyn bolup biläýjek ýerini tapmak kyn bolsa gerek. Mukaddes Kitapda:
Laurens doganyň juda peýdaly pikirleriniň biri-de, köp sagatlary uzyn we kyn doga etmelere bagyşlajak bolup oturanyňdan, bütin günüň dowamynda
Ünsi saklamak we oňaýsyzlyga garşy durmak üçin ol şeýle diýýär: «Men size dogada köp sözli bolmaklygy maslahat bermeýärin. Köp sözlülik we uzak dowam edýän söhbetdeşlik köplenç ýalňyşmanyň alamaty bolýar». Biziň asyrymyzda, ünsüň bozulmasynyň uçdantutma ýaýraýan asyrynda dykgatsyzlykdan gaça durmak baradaky maslahat 450 ýaşyndan ulurak bolsa-da, has ýerlikli zat bolýar.
Mukaddes Kitap bize
Hudaýyň barlygynyň tejribesi — bu edinmesi mümkin bolan türgenlikdir, endikdir. Sazandanyň ýeňillik bilen iň kyn we ajaýyp sazy döretmek üçin her gün gammany çalşy deýin, siz hem günüň dowamyndaky islendik wagtda özüňizi Hudaý hakda pikirlenmäge mejbur etmelisiňiz. Siz öz aňyňyza Hudaýy ýatda saklamaklygy öwretmelisiňiz.
Ilkibaşda öz pikirleriňizi Hudaýyň häzirki barlygyna düşünmeklige hemişe gaýtaryp eltmek üçin size käbir ýada salyp biläýjek zatlary oýlap tapmak gerek bolar. Ilki bilen öz töweregiňizde göreňde ýada salyp biljek zatlary ýerleşdiriň. Mysal üçin:
Eger bu ruhy maşklaryň hemmesiniň üsti bilen Hudaýyň barlygyny duýmak isleýän bolsaňyz, onda siz asla gerek bolan zady gözleýän dälsiňiz. Öz lezzetimiz üçin Hudaýa gözegçilik etmek ýa-da Ony manipulirlemek bolmaz. Biz Hudaýy ýakymly duýgular üçin däl-de, hakyky ýagşy işi etmek üçin şöhratlandyrýarys, şonuň üçin
Hemişeki oýlanmalar. Hudaý bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmanyň we ösdürmäniň ikinji usuly — bu Onuň Sözi hakda gün uzyn pikirlenmekdir. Mukaddes Kitap muny «oýlanma» diýip atlandyrýar hem-de gaýta-gaýta öz Hudaýymyzyň nähilidigi, näme edendigi we näme aýdandygy barada oýlanmaklyga çagyrýar (Zebur 23:4, Zebur 143:5, 145:5, Ýeşuwa 1:8, Zebur 1:2).
Eger
Biz bütin günümizi Mukaddes Kitaby öwrenip geçirip bilmesek hem, okan ýa-da ýat tutan aýatlarymyzy ýadymyza salmak hem olary ölçerip-dökmek bilen onda aýdylan zatlar hakda bütin gün oýlanyp bileris.
Käbirleriniň pikiriçe oýlanmaklyk — (ýa-da ony käwagt atlandyryşlary ýaly
Belli bir meseläni gaýta-gaýta kellämizde aýlamaklyk — bu birahatlyk bolýar. Pikirimizde gaýta-gaýta Hudaýyň Sözüne gaýdyp barmaklyk bolsa oýlanma bolýar. Eger birahat bolmany başarýan bolsaňyz, diýmek, oýlanmany hem başarýansyňyz! Diňe ünsüňizi meselelerden Mukaddes Kitap aýatlaryna geçiräýmeli. Hudaýyň Sözüniň üstünde näçe köp oýlansak, şonça-da özümizde birahatlyk üçin sebäp az bolar.
Hudaýyň Dawut bilen Eýýuby Özüniň ýakyn dostlary hasaplamagynyň sebäbi, olar hemme zatdan ýokarda diňe Onuň Sözüni tutupdyrlar hem-de ony hormatlapdyrlar we ol barada bütin günüň dowamynda oýlanypdyrlar. Bu bolsa Hudaýa ullakan lezzet berýär (Zebur 104:34). Eýýup:
Dawut bolsa:
Dostlar biri-biri bilen syrlaryny paýlaşýarlar. Eger günüň dowamynda Öz Sözi hakda oýlanma endigini özüňizde ösdürseňiz, onda Hudaý hem size Öz syrlaryny açar. Hudaý Öz syrlaryny Ybraýyma, Dawuda, Pawlusa, on iki şägirde we Öz dostlary hasaplan beýleki adamlara-da açdy (Gelip çykyş 18:17, Danyýel 21:9, 1 Korintoslylar 2:7–10).
Mukaddes Kitaby okanyňyzda, ýygnakda ýa-da kassetada wagyz sözlerini diňläniňizde, eşiden we okan zatlaryňyzy kitaby ýapan, magnitafony öçüren ýa-da ýygnakdan çykan badyňyza unutmaly dälsiňiz. Özleşdiren hakykatyňyza gaýdyp gelmekligi, ol hakda gaýta-gaýta oýlanmaklygy özüňize öwrediň. Rebbiň aýdan zadynyň üstünde näçe köp wagtlap oýlansaňyz, şonça-da durmuş «syrlaryna» düşünip başlarsyňyz. Gynansak-da, şol «syrlary» adamlaryň köpüsi deňesinden geçirýärler. Mukaddes Kitapda:
Biz indiki bapda biz ýene-de özümize Hudaý bilen iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýän dört prinsipe seredip geçeris, ýöne size ertire çenli garaşmak gerek däldir. Eýýäm şu günden başlap, günüň dowamynda Hudaý bilen yzygiderli gürleşmäge hem-de Onuň Sözi hakda üznüksiz oýlanmaga başlaň. Doga etmeklik bize Hudaý bilen gürleşmäge, oýlanma bolsa, Oňa biziň bilen gürleşmäge mümkinçilik berýär. Hudaýyň ýakyn dosty bolmak üçin bularyň ikisi-de zerurdyr.
Oýlanmak üçin hakykat: Hudaý meniň iň gowy Dostum bolmak isleýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Hudaý hakda pikir etmelidigini hem Onuň bilen bütin günüň dowamynda gürleşmelidigini men özüme nädip ýatladyp bilerin?
12-nji gün
Hudaý bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürip
Süleýmanyň pähimleri 3:32b
Ýakup 4:8
Özüňiziň Hudaýa ýakynlyk derejäňiz özüňiziň
Beýleki islendik dostluk ýaly, Hudaý bilen dostluk hem, tagallalary hem zähmeti talap edýär. Dostluk tötänden peýda bolmaýar. Dostluk üçin isleg, güýç we wagt zerurdyr. Eger siz hakykatdan hem, Hudaý bilen çuň we ýakyn gatnaşyklara jan edýän bolsaňyz, onda Oňa öz duýgularyňyz hakda dogry gürrüň bermegi, Ol özüňizden nämedir bir zady haýyş edende, Oňa ynanmagy Onuň aladalaryny we gyzyklanmalaryny paýlaşmagy, şeýle hem, dünýädäki hemme zatlardan Onuň bilen dostlugy ileri tutmagy öwrenmelisiňiz.
Maňa Hudaýyň öňünde diýseň dogruçyl bolma kararyna berk gelmek gerek. Hudaý bilen hakyky çuň dostlugy gurmanyň ilkinji kerpiçjigi — bu öz duýgularymyza we günälerimize degişli bolan zatlaryň hemmesinde doly dogruçyl bolmakdyr. Hudaý bizden çirksiz kämilligi talap etmeýär, ýöne doly dogruçyl bolmaklygy tutanýerlilik bilen talap edýär. Hudaýyň Mukaddes Kitapda gürrüňi edilýän dostlarynyň hiç biri-de günäsiz bolmandylar. Eger Hudaý bilen dostlugyň şerti kämillik bolan bolsa, biziň hiç birimiz hem Onuň ýanyna ýakynlaşyp bilmezdik. Bagtymyza, Isa häzir hem,
Mukaddes Kitapdaky dostlary Hudaýyň ýanynda öz duýgulary barada gürrüň berýärler, arz eden gezekleri hem az bolmaýar, olaryň bir günüň içinde pikirlerini üýtgeden ýerleri-de bolýar, Hudaýyň garaýşyny öňden bilmäge-de synanyşýarlar, hatda öz Ýaradyjysyny günäkärleýärlerem we Onuň bilen jedelleşýärlerem. Emma görnüşine görä, munuň ýaly açyklyk Hudaýy gaty bir alada goýmaýar. Gaýtam, Ol olary höweslendirýär.
Hudaý Ybraýyma Sodomyň weýran edilmesi babatda Özi bilen jedelleşmäge ýol berýär. Ybraýym şäheri halas etmek üçin näme etmegiň gerekdigini eýlesine-beýlesine öwrüp, Hudaýdan soraýar, hatda elli sany talap edilýän adamyň sanyny on sana düşürýänçä, Onuň bilen söwdalaşýaram.
Dawut her gezekde Özüni adalatsyzlykda we dönüklikde aýyplanynda, Hudaýyň özüni terk edendiginden zeýrenende, Hudaý ony hem sabyrlylyk bilen diňledi. Hudaý Ýeremýany Hudaýyň özüne mekirlik edendigi baradaky sözleri üçin ýom — ýok etmedi. Eýýuba ezýet çeken wagtynda, ajy nalalaryny dökmeklige rugsat berildi. Şeýdip, Hudaý ahyrsoňunda Eýýuby dogruçyllygynyň arkasyndan aklaýar-da, onuň dostlarynyň Eýýup ýaly dogry däldiklerini paş edýär. Ol: «…
Hudaý açyk hem ýakyn gatnaşyklaryň haýran galdyryjy mysallarynyň birinde Özüniň ysraýyllylaryň diýen etmezligine bolan ýigrenjini dogry beýan edýär (Müsürden çykyş 33:1–17). Hudaý olara Wada Berlen Ýurda alyp barmak üçin beren wadasyny ýerine ýetirjekdigini,
Musa edil
Hudaý edil şunuň ýaly azajyk hem ýapyk bolmadyk, yhlasly dogrulygy siziň diliňizden hem eşitmäge ukyplymydyr? Elbetde! Hakyky dostluk açyklygyň üstünde gurulýandyr. Siziň göwnüňize gödeklik, hatda ýüzi galyňlyk ýaly bolup görnen zada hem Hudaý
Belki, siz durmuşyňyzyň haýsydyr bir jähtindäki zat sebäpli, özüňizi daşlaşdyrylan we aldanylan ýaly duýýan zatlaryňyz üçin Hudaýa gizlin gaharlanýandygyňyzy ýa-da öýkeleýändigiňizi boýun almaly bolarsyňyz. Hakyky kämil adam bolup, Hudaýyň
Biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyzda öýke iň çynlakaý päsgelçilik bolup durýandyr. Eger Ol meniň durmuşymda
Hudaý bize aç-açan dogruçyl bolmagy öwretmek üçin Zebury berdi. Zebur — bu sežde etme boýunça gollanma ýaly bir zatdyr. Ondaky minnetdarlyk, öwgi hem imany ykrar etme hem-de çuň yhlas bilen garyşdyrylan gaty sesli nalalaryň, arzlaryň, şübheleriň, gorkularyň, öýkeleriň çeni-çaky ýokdur. Zeburda adama belli bolan emosiýalaryň hemmesini, elbetde, tapyp bolýar. Dawudyň we beýleki mezmurçylaryň gyzgyn minnetdarlygyny okanyňyzda, ýatda saklaň, Hudaý
Hudaýyň dostlarynyň hemmesiniň — Musanyň, Ybraýymyň, Dawudyň, Eýýubyň we beýlekileriň — şübhe bilen söweşmeli bolandygy meniň üçin örän köşeşdiriji zatdyr. Olar özleriniň şübheleriniň üstüni hudaýhon sözler bilen örtmäniň deregine, şübheleri hakda hemmeleriň ýanynda çyny bilen sesli aýtdylar. Şübhäňi beýan etmeklik köplenç ösüp barýan Hudaý bilen ýakynlyga tarap ädilýän indiki ädim bolýar.
Maňa Hudaýa imanda boýun bolma kararyna berk gelmek gerekdir. Her gezek Hudaýyň akyldarlygyna ynanyp, Onuň aýdýan zatlaryny, munuň näme üçin gerekdigine doly düşünmeseňizem, ýerine ýetirmek bilen özüňiziň Hudaý bilen gatnaşyklaryňyzy berkidýärsiňiz hem-de çuňlaşdyrýarsyňyz. Adatça biz tabynlyga dostlugyň alamaty hökmünde garamaýarys, sebäbi ol biziň üçin dostlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň bir bölegi bolup durmaýar-da, ene-atamyz, başlyklarymyz ýa-da işdäki uly kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklarymyzyň bir bölegi bolup durýar. Emma Isa tabyn bolmanyň Hudaý bilen dostlukly ýakynlygyň gürrüňsiz şerti bolýandygyny ikuçsyz aýtdy. Ol:
Men öňki bapda Isanyň Öz şägirtleri babatdaky ulanan «dostlar» sözüniň patyşanyň köşgündäki özli-özi manysyndaky sözdügini aýdypdym. Şol ýakyn adamlar artykmaçlykdan peýdalanýan bolsalar-da, barybir patyşanyň tabynlygyndaky adamlardygyna galýarlar, şonuň üçin hem, onuň buýruklaryna boýun bolmaly bolýarlar. Biz Hudaýyň dostlarydyrys, ýöne Onuň bilen deň derejeli däldiris. Ol bizi yzyna düşürip, söýgi bilen alyp barýar. Biz hem Onuň yzyna düşýäris. Biz Hudaýa borç, gorky ýa-da mejbury tabyn bolmaýarys-da, Ony
Imansyz adamlar köplenç mesihiler Hudaýa borç, günä ýa-da jezanyň öňündäki gorky duýgusy zerarly tabyn bolýarlar diýip çaklaýarlar, ýöne işler düýbünden başgaçadyr. Hudaýyň özümizi bagyşlap, jezadan halas edendigi sebäpli, biz Onuň erkini söýgi bilen ýerine ýetirýäris, sebäbi biziň tabynlygymyz Oňa uly şatlyk getirýär. Isa:
Üns beriň: Isa bizden Atasynyň öňünde Özüniň eden zatlaryny etmegimize garaşýar. Onuň Ata Hudaý bilen bolan gatnaşyklary biziň Özi bilen bolan gatnaşyklarymyzyň nähili bolmalydygyny iş ýüzünde görkezýär. Isa Atasynyň Özüne tabşyran ýumuşlarynyň hemmesini Ony söýýändigi üçin ýerine ýetirýär.
Hakyky dostluk passiw bolmaýar. Ol hereket edýändir. Isa özümizden ýakynymyzy söýmegi, garyplara kömek etmekligi, azyklarymyzy olar bilen paýlaşmagy, durmuşymyzy arassalykda saklamagy, göwnümize degýänleri bagyşlamagy, Öz ýanyna täze adamlary getirmekligi soranda, söýgi bizi derrew Oňa boýun bolmaklyga höweslendirýär.
Bizi Hudaý üçin
Ägirt uly mümkinçilikleriň biziň öňümizde ömrümizde ýekeje gezek açylmagy mümkindir, ýöne uly bolmadyk zatlary etmek üçin amatly bolan ýagdaýlar bize her günem berilýändir. Hatda dogry sözler, ýagşylyk etme ýa-da başga bir adamy runlandyrmaga edilýän synanyşyklar hem Hudaýda şatlykly ýylgyrşy döredýändir. Tabynlygyň ýönekeýje işleriň-de Hudaý üçin biziň dogalarymyzdan, öwgülerimizden ýa-da zekatlarymyzdan ähmiýeti uludyr. Mukaddes Kitapda:
Isa Öz gullugyna 30 ýaşynda Ýahýanyň ýanyna çokundyrylmak üçin gelenden soň başlaýar. Ol suwda çokunyrylmaga gelen mahaly Hudaý Gökden:
Maňa Hudaýyň gymmatlyklaryny paýlaşma kararyna berk gelmek gerek. Dostlar özlerini hut şunuň ýaly alyp barýarlar ahyryn. Olaryň birine zerur bolan zat, beýlekisine-de zerur bolýandyr. Hudaý bilen dostlugymyz berkedigiçe, Onuň nämä perwaýsyz däldigi bilen gyzyklanyp başlaýarys, Ony gynandyrýan zada gynanýarys, Oňa lezzet berýän zada begenýäris.
Munuň iň gowy mysaly resul Pawlus bolup durýandyr. Hudaýyň plany Pawlusyň plany bolýar, şonuň üçin ol Hudaýyň tutanýerliligi we islegi onuňky hem bolýar.
Hudaý hemme zatdan beter näme üçin bagryny paralaýar? Ol Öz azaşan çagalarynyň hemmesiniň tapylyp, ahyrsoňunda öýüne dolanyp gelmegini isleýär. Isa hut şunuň üçin hem ýere geldi. Hudaýyň ýüregi üçin Öz Oglunyň ölüminden gymmat zat ýokdur. Mundan başga-da, Öz çagalarynyň şu hoş habary başgalar bilen paýlaşmagy Onuň üçin hemme zatdan zerurdyr. Siz Hudaýyň dosty bolmak üçin ýoldan çykan dünýäni Hudaýyň söýşi kimin söýmelisiňiz. Hudaýyň dostlary Ol hakda öz dostlaryna gürrüň berýärler.
Men dünýädäki hemme zatlardan beter Hudaý bilen dostluga tarap dyrjaşmalydyryn. Biz şunuň ýaly gyzgyn yhlasyň mysalyny mezmurlarda görýäris. Dawut özüniň hemme zady aradan aýyrýan Hudaýy tanama islegini hyjuw bilen beýan edýär. Ol bu islegi
Ýakubyň öz durmuşy üçin Hudaýyň merhemetini alma yhlasy şeýle bir güýlüdi welin, hatda:
Hudaý bilen dostlyga teşne bolan ýene-de bir adam Pawlusdyr. Onuň üçin dünýäde mundan wajyp zat bolmandyr. Onuň üçin Hudaý bilen gatnaşyklar ilkinji derejeli zat bolupdyr. Ol şol gatnaşyklara özüniň bar güýjüni gönükdirýär, sebäbi olar Pawlusyň durmuşynyň jemleýji maksady bolupdyr. Hut şonuň üçin hem Hudaý onuň üsti bilen şeýle kuwwatly işleri edipdir. Mukaddes Kitabyň giňeldilen terjimesi onuň yhlasynyň bar güýjüni diýseň gowy beýan edip:
Gep Hudaý bilen ýakynlygyňyzyň öz islegiňize we gelen kararyňyza baglylygyndadyr. Hudaý bilen ýakyn dostluk öz-özünden emele gelmeýär. Ol aňly-düşünjeli saýlawy talap edýär. Biz düşünip we bilgeşleýin şol dostluga tarap okdurylmalydyrys. Özüňiziň muny dünýädäki hemme zatdan beter isleýändigiňizi aýdyp bilermisiňiz? Siz bu dostluk üçin nämäni pida etmäge taýýar. Siz munuň üçin haýsydyr bir zatdan el çekmäge taýýarmy? Munuň üçin zerur bolan endikleri hem ukyplary ösdürmek üçin bar tagallany etmäge taýýarmysyňyz?
Belki, siz ozal Hudaýy hakykatdanam, yhlas bilen gözlänsiňiz, ýöne şu wagt şol islegiňizi ýitirensiňiz. Edil şunuň ýaly ýagdaý efesli mesihilerde-de bolýar. Olar öz imanlaryny ýitirýärler. Olar özlerinden talap edilen zatlary söýgi sebäpli däl-de, borjy saýýandygy sebäpli ýerine ýetirýärler. Eger sizem soňky döwürlerde endik edinen zatlaryňyzy mehaniki usulda ýerine ýetirýän bolsaňyz, «sebäbi şunuň ýaly etmek gerek bolsa», onda Hudaý durmuşyňyzda agyrynyň we görginiň bolmagyna ýol berende, geň galyp oturmaň.
Görgüler bizde yhlasly islegleri döredýär. Görgüler bizde adaty wagtda asla bolmaýan kuwwatly güýji hem gyzgyn üýtgeme yhlasyny döredýär. Hudaý olaryň kömegi bilen bizi ruhy letargiýadan (ukudan) açýar. Klaýw Lýuis görgüleri «Hudaýyň megafony» diýip atlandyrýar. Siziň durmuşyňyzdaky kynçylyklar asla özüňize berlen jeza däl-de, sizi söýýän Ataňyz ukudan oýanmaklyga çagyrýar. Ol size gaharlanmaýar-da, sizi
SIZIŇ DURMUŞYŇYZDAKY IŇ WAJYP GATNAŞYKLAR
Hudaý bilen dostlukly gatnaşyklardan başga hiç hili, düýbünden hiç hili wajyp zat ýokdur. Hudaý bilen bolan dostlukly gatnaşyklar ebedi dowam edýär. Pawlus Timoteosa:
Oýlanmak üçin hakykat: Özümiň Hudaýa ýakynlygymyň derejesi özüme baglydyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men Hudaýa ýakynlaşmak üçin eýýäm şu gün nähili ädimleri ädip başlap bilerin?
13-nji gün
Hudaýyň göwnünden turýan sežde
Markus 12:30
Hudaý siziň Özüne hiç hili galyndysyz tutuşlygyňyza degişli bolmagyňyzy isleýär.
Hudaý durmuşyňyzyň diňe bir bölegi bilen kanagatlanmaýar. Ol bizden Özüne
Bir gezek bir samariýaly aýal nirede, haýsy wagtda, nähili stilde Hudaýa sežde etmäniň gowy boljakdygy babatda Isa bilen jedelleşýär. Isa oňa bu daşky foktorlaryň hiç hili rol oýnamaýandygyny aýdyp jogap berýär. Biziň nirede sežde edýändigimiz gaty bir wajyp däl-de,
Biziň edýän seždämiz hakykata takyk eýerse, bu Hudaýa ýakymly bolýandyr. Adamlar köplenç: «Maňa Hudaýy… görnüşde göz öňüne getirmek ýaraýar» diýýärler-de, soň nähili Hudaýa sežde etmek isleýändiklerini suratlandyrmaga başlaýarlar. Soňundan şoňa çokunmak üçin alypjyk, özüň üçin hususy, amatly, syýasy taýdan edepli hudaýyň obrazyny oýlap tapmak bolmaýar ahyryn! Bu eýýäm butparazlyk bolýar.
Sežde etmeklik özümiziň Hudaý baradaky şashy pikirlerimize däl-de, Mukaddes Kitapdaky hakykata esaslanmalydyr. Isa samariýaly aýala:
«Hudaýa hakykatda sežde etmeklik» — bu biziň üçin Hudaý Mukaddes Kitapda nähili açylan bolsa, Oňa şonuň ýaly hem sežde etmekdir.
Özüne çyn ýürekden sežde etsek, bu Hudaýa ýakymly bolýar. Isa
Isa bize
Biz sežde eden wagtymyzda Hudaý aýdan sözlerimize däl-de, ýüregimiziň ýagdaýyna seredýändir. Mukaddes Kitapda:
Seždäniň şatlygymyzy we keýpimizi aňladýandygy sebäpli, oňa duýgularymyz bilen emosiýalarymyzam gatnaşýar. Özüne kalbymyzyň çuňlugy bilen sežde ederimiz ýaly, Hudaý bize emosiýa sowgat beripdir, emma şol duýgy joşgunlary ýasama däl-de, hakyky bolmalydyr. Hudaý ikiýüzlüligi ýigrenýändir. Sežde etmede Oňa göz görkezmek, oýun etjek bolmak ýa-da sežde edensirän bolmak gerek däldir. Ol siziň çyn we hakyky söýgiňize mätäçdir. Biziň edýän seždämiziň kämillikden daşda bolmagy-da mümkin, ýöne ol
Elbetde, ýekeje hakykylyk hem ýeterlik däldir. Adam hemme zady çyn ýürekden etse-de, çuň ýalňyşlyk goýberip biler. Hut şonuň üçin hem Hudaý hem ruhda, hem hakykatda sežde edilmegini isleýändir. Sežde etme bir wagtyň özünde hem hakyky, hem dogry bolmalydyr. Hudaý üçin ýakymly bolan sežde çuň duýgudan doly we Mukaddes Kitap taglymatyna köküni berk uran bolmalydyr. Oňa hem akyl, hem duýgy gatnaşýar.
Gynansak-da, bu günki gün köp adamlar ýakymly saza bolan ruhy hem emosional garaýyşlaryny öz ýüreginiň Mukaddes Ruhuň sesine berýän jogaby hökmünde garaýarlar. Emma bular şol bir zatlar däldirler. Hakyky sežde etme ruhuňyz haýsydyr bir saza däl-de, Hudaýyň keşbine we sesine jogap berende başlanýandyr. Mundan başga-da, biziň duýgularymyz hakdaky käbir suwjuk aýdymlar hem sežde etmäge
Hudaýa öwgini nädip aýtmalydygy barada mesihileriň arasynda köp agzalalyk peýda bolýar. Emma munuň ýaly jedeller köplenç şahsy duýgyny we gowy görýän zadyňy aňladýar. Mukaddes Kitapda Hudaýy şöhratlandyrmanyň köp dürli usullary agzalyp geçilýär. Olar toba etme, aýdym aýtma, owazlar, hormat bilen ýeriňden turma, dyza çökme, tans, şatlykly ses, şaýatlyk, saz gurallarynda saz çalmak we elleriňi ýokary galdyrma ýaly zatlar bolup biler (Ýewreýler 13:15, Zebur 8:18, Ezra 3:11, Zebur 149:3, Zebur 150:3:, Nehemýa 8:6). Öz şahsyýetiňize we ruhy tejribäňize esaslanyp, Hudaýa bolan söýgiňizi doly hem çyn ýürekden beýan etmäge kömek edýän stilde öwgi aýtmak iň gowy stildir.
Meniň dostum Geri Tomas Hudaý bilen diri hem real gatnaşyklara guwanmanyň deregine, köp mesihiler sežde etmä özlerine hiç hili kanagatlanma getirmeýän wajyp, ýöne içgysgynç köneçillik hökmünde garaýandyklaryny belleýär. Ol köp halatlarda munuň şeýle bolýandygynyň sebäbiniň, köpimiziň öz şahsy aýratynlygymyza asla gabat gelmeýän doga etme we sežde etme görnüşlerini ulanmaga özümizi mejbur edýändigimizdedigini düşündirýär.
Geri özünden:
Geri özüniň
Hudaýa sežde etmäniň ýa-da Onuň bilen aragatnaşyk saklamanyň ýekeje «ölçegsiz» usuly asla ýokdur. Bir zat düşnüklidir: eger Hudaýyň ýaradyşy ýaly adam bolmazlyga çalyşjak bolsak, onda Hudaýy şöhratlandyryp bilmeris. Hudaý biziň öz bolşumyza galmagymyzy isleýär.
Hudaýa oýlanyşykly sežde etme ýakymlydyr. Isa Täze Ähtde biziň
Isa oýlanyşyksyz edilen seždäni butparaz «köp sözlüligi» diýip atlandyrýar (Matta 6:7). Eger çendenaşa ulanylyberse Mukaddes Kitap terminleri-de lenji çykan sözlere öwrülip biler. Biz olaryň manysy hakda oýlanmagy bes edýäris. Täze tagallalary etjek ýa-da Hudaýy başgaça, täzeçe şöhratlandyrjak bolup oturmanyňderegine, sežde edeniňizde, tanyş we endik edinen jümleleriňizi gaýtalamak aňsat bolar. Hut şunuň üçin hem men sizi Ýazgynyň dürli goşundyly terjimelerini okamaklygy maslahat berýärin. Bu siziň seždäňiziň göwrümini ep-esli artdyrar.
Hudaýy endik edinen
Mundan başga-da,
Ine, ýene-de bir teklip: kagyza Hudaýyň dürli atlaryny ýazyň-da, olar hakda oýlanyň. Hudaýyň atlary Mukaddes Ýazgyda ýöne ýere peýda bolmaýar. Olaryň her biri Onuň häsiýetiniň dürli taraplaryny aňladýar. Köne Ähtde Hudaý Özüni ysraýyllylara ýuwaş-ýuwaşdan we yzygiderlilikde açýar. Şonda Ol kem-kemden Özüniň täzeden-täze atlaryny aýdýar. Öz adyny şöhratlandyrmalydygymyzy bize Hudaýyň Özi tabşyryk berdi.
Hudaý biziň bilelikdäki ýygnaklarymyzyň hem oýlanyşykly bolmagyny isleýär. Pawlus muňa 1 Korintoslylara ýazan hatynyň tutuş 14-nji babyny bagyşlaýar. Ol muny:
Şunuň bilen baglanyşyklykda imansyzlar ýygnagymyza gelende, edýän ýygnagymyz olara düşnükli bolmalydyr. Resul Pawlus:
Özüne iş ýüzünde sežde etmegimiz Hudaýa ýaraýandyr. Mukaddes Kitap bizi
Belki, size: «Ýok, bu gün men baryp bilmeýärin, ýöne men
Sežde edenimizde biz «bedenimizi Hudaýa
Köne Ähtde ysraýyllylaryň getirýän gurbanlary Hudaýyň göwnünden turupdyr, sebäbi olar Isanyň haçdaky ölümini öňünden ykrar edýärdiler. Häzir Hudaý gurbanlykly sežde etmäniň her hili görnüşini-de — biziň durmuşymyzy, söýgimizi, minnetdarlygymyzy, öwgimizi, kiçigöwünliligimizi, tobamyzy, pul görnüşinde berýän zekadymyzy, dogalarymyzy, başga adamlara edýän gulluklarymyzy, olaryň derwaýys mätäçliklerini kanagatlandyrmamyzy — kabul edýär (Zebur 50:14, Ýewreýler 13:15, Zebur 51:17, Zebur 54:8, Filipililer 4:18, Zebur 141:2, Ýewreýler 13:16, Markus 12:33, Rimliler 12:1).
Hakyky sežde arzan durýan däldir. Dawut muňa gaty gowy düşünipdir. Ol:
Hakyky sežde etmäniň hatyrasyna biz hemme zatdan öňürti egoizmimizden hem özümizi söýmeden el çekmäge mejburdyrys. Bir wagtyň özünde hem Hudaýy, hem özüňi beýgeldip bolmaz. Biz kimdir birini haýran galdyrmak ýa-da özümize ýakymly zat etmek üçin sežde etmeýäris. Biz hemme zada düşünip, nazarymyzy öz-özümizden aýyrýarys.
Isa: «Rebbiňiz Hudaýy bütin durkuňyz bilen söýüň» diýende, sežde etmäniň belli bir derejede güýç hem tagalla talap edýändigini belleýär. Sežde etmek hemişe oňaýly hem aňsat bolup durmaýar. Käwagt bolsa, Hudaýa meýletin öwgi gurbanyny getirmek üçin bar erkiňi bir ýere jemlemeli bolýar. Işjeň bolmadyk sežde etmeklik bolsa oksýumorondyr. (Oksýumoron — gürleýşiň özünde garşydaşlykly, bir ýere sygmaýan, mysal üçin, «sowuk ot», «gyzgyn gar», «diri jeset» diýen ýaly düşünjeleri özünde saklaýan şekilidir).
Gaty bir isläp durmasak-da, düşegimizden galyp, ýygnaga gitsek, hatda gaty erbet ýadan bolsagam ýa-da aýagymyzyň üstünde zordan saklanyp duran bolsagam, başga birine kömek edýän bolsak, şeýle etmek bilen hem Hudaýy şöhratlandyrýan hem-de Oňa diri öwgi gurbanyny getirýän bolsak, bu Oňa juda ýarar.
Sežde etmäniň Angliýaly lideri Mett Redman ruhy çopanynyň öz ýygnagyna sežde etmäniň hakyky manysyny öwredişini gürrüň berýär. Sežde etmäniň diňe bir sazdan uly zatdygyny görkezmek üçin ol ýygnagyna gelýän adamlar Hudaýa bütin ýaşaýşy bilen sežde etmäni öwrenip biljek döwrüniň dowamynda ýygnaklaryndaky ähli aýdym-sazlary bes etdirýär. Hut şol wagtda hem Mett Redman özüniň: «Sežde etmäniň ýüregi» atly klasiki aýdymyny ýazýar:
Şeýlelikde, sežde etmäniň ýüregi biziň ýüregimizdedir.
Oýlanmak üçin hakykat: Hudaý meni Özüne hiç hili galyndysyz tutuş degişli bolmagymy isleýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Hudaýa häzir näme ýaraýarka, meniň Özüne başga adamlar bilen bile sežde edýändigimmikä ýa-da ýekelikde sežde edýändigim? Bu babatda maňa näme etmek gerekkä?
14-nji gün
Hudaý uzakda ýaly bolup görnende
Işaýa 8:17
Biz özümizi nähili duýsagam, Hudaý barybir bardyr.
Durmuşda hemme zat gowy bolup duranda, Ol özümize iýmit, dost, maşgala, saglyk, şatlykly wakalary berip duranda, Hudaýa sežde etmek aňsat bolýar. Emma durmuşda hemişe ýakymly zatlar bolup durmaýar. Kyn günlerde Hudaýa nädip sežde etmeli? Göwnümize Hudaý özümizden ýüzlerçe, müňlerçe kilometr daşlaşan ýaly bolup görnende näme etmeli?
Hudaýa sežde etmäniň iň çuň derejesi — bu hasrat çekýändigiňe garamazdan, Ony öwme hem şöhratlandyrma, synag döwründe Oňa minnetdarlyk bildirme, synaglaryň arasynda Oňa ynanma, gaýgyly günlerde Oňa boýun bolma we Ol özümizden gaty daşda ýaly bolup görnende, Ony söýme kararyna gelmekdir.
Aýralyk bilen dymyşlygyň dostlukly gatnaşyklar üçin çynlakaý synag bolýan gezekleri-de az bolýan däldir. Kähalatlarda bizi uzak menziller aýra salýar ýa-da biz näme üçindir ýöne bir gürrüň edip bilmeýäris. Hudaý bilen gatnaşyklaryňyzda hem, Onuň ýakynlygyny hemişe
Hudaý Özi bilen siziň dostlugyňyzy berkitmek hem çuňlaşdyrmak üçin şol dostlugy daşlaşma ýaly bolup görnen döwür bilen synagdan geçirer. Şonda hemme zat edil Ol ýüzlerçe we müňlerçe kilometr daşlaşyp, özüňizi terk eden we ýatdan çykaran ýaly bolar. Mukaddes Ioann Kresta şunuň ýaly günleri «janyň garaňky gijesi» diýip atlandyrýar. Genri Nouen «ýokluk gullugy», E.U. Tozer «gijäniň gullugy», beýleki mesihiler bolsa, käwagt «adam ýüreginiň gyşy» diýip atlandyrýarlar.
Isadan başga, Hudaý bilen iň ýakyn gatnaşyklar, elbetde, Dawutda bolupdyr. Hudaý ony lezzet bilen «Öz göwnümden turýan adam» (1 Şamuwel 13:14, Resullaryň işleri 13:22) diýip atlandyrýar. Şeýle-de bolsa, Dawut öz ýanynda Hudaýyň barlygyny duýmaýandygyndan nalap:
Elbetde, Hudaý Dawudy hiç haçan sizi terk etmeýşi ýaly terk etmändi. Ol:
Floýd MakKlang muny şeýle suratlandyrýar: «Günleriň birinde adam oýananda, özüniň ruhy duýgularynyň hemmesiniň yzsyz zatsyz ýitip gidendigini görýär. Ol doga edýär, ýöne hiç hili üýtgeşiklik bolmaýar. Ol şeýtana garşy durýar, ýöne munuň bilen üýtgän zat bolmaýar. Ol ruhy maşklary janyny aýaman ýerine ýetirýär, dostlaryndan özi üçin doga etmeklerini soraýar, günälerini boýun alýar, soň hem kiçigöwünlilik bilen tanyş-bilişleriniň hemmesinden ötünç soraýar. Ol oraza tutýar, barybir hiç zat bolmaýar. Ol özünden bu ruhy içgysgynçlygyň uzak dowam etjekdigini ýa-da ýokdugyny soraýar. Birnäçe gün? Birnäçe hepde? Birnäçe aý? Munuň soňy gelmezmikä? Onuň göwnüne bolmasa, eden dogalary potolokdan atylyp çykyp, çykgynsyz lapykeçlikde: “Maňa näme bolduka? Näme bolýarka?” diýip ýüzlenýän ýaly bolýar».
Esasynda size hiç zadam bolmaýar. Bu adaty synag hem Hudaý bilen dostlugyňyzy çuňlaşdyrma prosesidir. Mesihileriň
Hudaý özümizden daşda ýaly bolup görnende, biz Ol haýsydyr bir günä sebäpli, özümize gaharlanýar diýen netijä gelýäris. Günä hakykatdanam, adam bilen adamyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary bozýar. Diýen etmezlik, töweregiňizdäkiler bilen sögüşmeklik, çendenaşa işlilik, dünýä bilen dostluk we beýleki günäleriň hemmesi Mukaddes Ruhy gynandyrýar hem-de biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyzy basyp ýatyrýar (Zebur 51, Efesliler 4:29–30, 1 Selanikliler 5:19, Ýeremýa 2:32, 1 Korintoslylar 8:12, Ýakup 4:4).
Ýöne bu terk edilenlik ýa-da Hudaýdan daşlaşdyrylanlyk duýgusy günä bilen asla baglanyşykly bolýan däldir. Bu biziň her birimiziň başdan geçirmeli bolan iman synagymyzdyr. Onuň barlygynyň we öz durmuşyma gatnaşýandygynyň ujypsyzja-da göze görnüp duran alamatyny görmesemem, men mundan beýläk Hudaýy söýerinmi ýa-da Oňa gulak asarynmy, Oňa ynanarynmy we sežde ederinmi?
Häzirki mesihileriň giň ýaýran ýälňyşlyklarynyň biri olaryň Hudaýy gözlemän, başga bir duýga tarap ymtylýandyklaryndadyr. Olar näme-de bolsa bir zady duýmaga teşne bolýarlar. Bir zady duýanlarynda bolsa, kanagatlanma bilen hakykatdan Hudaýa sežde edendirin diýen netijä gelýärler. Aslyýetinde biz duýgulara bil baglamazymyz ýaly, Hudaý bizi her hili duýgulardan mahrum edýär. Bir zady duýmaga dyrjaşmaklyk, şol duýgy hatda Mesihiň barlygyny duýma bolsa-da — bu entek sežde etme bolýan däldir.
Hudaý täze iman eden mesihi bäbeklere Özüniň barlygyny tassyklaýan, emosiýalary hem duýgulary köp sowgat berýär hem-de olaryň Özüniň bardygyna ynanmagyna ýardam etjek bolup, kämil bolmadyk we egoistik dogalaryna-da jogap berýär. Ýöne imanda ösdügimizçe, Hudaý bizi ýuwaş-ýuwaşdan munuň ýaly emosional garaşlylykdan aýryp ugraýar.
Hudaýyň hemme ýerdeligi we Onuň barlygy şol bir zat däldir. Olaryň birinjisi mizemez faktordyr, ikinjisi diňe duýgy bolýandyr. Hudaý hatda biz muňa akyl ýetirmesegem, hemişe-de hemme ýerde bardyr. Onuň bu barlygy adam duýgulary bilen ölçärden gaty çuňdur.
Hawa, Ol Özüniň ýakynlygyny biziň
Töweregiňizdäki hemme zat weýran bolup barýarka-da, näme üçindir Hudaý hiç ýerde ýok ýaly bolýan ýagdaýlar siziň imanyňyzyň iň çynlakaý synagy bolýandyr. Hut şunuň ýaly ýagdaý Eýýupda bolup geçýär. Ol bir günüň içinde hemme zadyny — maşgalasyny, adaty durmuşyny, saglygyny, emlägini — ýitirýär. Hemme zatdan erbedi-de, tutuş otuz ýedi babyň dowamynda Hudaýyň tutanýerlilik bilen dymmagy bolýar.
Eger durmuşyňda nämeleriň bolup geçýändigine düşünmeseň, Hudaý hem sesini çykarmasa, onda Ony nädip şöhratlandyrjak? Eger çuň kynçylyga düşseň, Hudaý bilen hem aragatnaşyk doly kesilen bolsa, onda Onuň bilen ýakynlygy nädip saklamaly? Eger gözleriň ýaşdan ýaňa kepemeýän bolsa, onda nädip Isadan gözüňi aýyrmajak? Şonda Eýýubyň edişi ýaly etmeli:
Hudaýa öz duýgularyňyz barada dogruçyllyk bilen gürrüň beriň. Onuň öňünde öz ýüregiňizi döküň. Bar emosiýalaryňyzy ýüze çykaryň. Hudaý siziň şübheleriňiziň, gorkularyňyzyň, soraglaryňyzyň, aljyraňňylygyňyzyň, gaharyňyzyň we gaýgyňyzyň hötdesinden gelmäge doly ukyplydyr. Eýýup hut şonuň ýaly hem etdi:
Onuň göwnüne Hudaý özüni terk eden ýaly bolanda, nala çekip, şeýle diýdi:
Hudaýyň öňünde ejizdigiňi boýun almanyň hem imanyňy ykrar etme bolup bilýändigini bilýärsiňizmi? Dawut Hudaýa ynanyp, şol bir wagtyň özünde-de doly lapykeçlik duýup:
Özüňize Hudaýyň häsiýeti, Onuň üýtgewsiz özeni barada ýatladyň. Ýüze çykýan ýagdaýlaryň we duýgularyň hiç birine garamazdan, Hudaýyň üýtgewsiz häsiýetine berk ýapyşyň. Hudaýyň tebigatynyň ebedi hakytlaryny özüňize ýatladyň. Ol merhemetlidir, meni söýýändir, meniň bilen biledir, maňa näme bolýandygyny bilýändir, biperwaý däldir, Onda meniň durmuşym babatda gowy niýetler hem maksatlar bardyr. B. Reýmond Edmondyň aýdyşy ýaly: «Garaňkylyga düşeniňizde, Hudaýyň özüňize ýagtylykda aýdan zadyny unutmaň».
Eýýubyň bütin durmuşy küle öwrülse-de, Hudaý hem dymmagyny dowam etdirse-de, Eýýup barybir Hudaýy näme üçin şöhratlandyrmalydygyny tapdy:
• Ol merhemetli hem rehimdar (Eýýup 10:12).
• Ol gudratygüýçli (Eýýup 42:2; 37:5, 23).
• Ol meniň durmuşymdaky ähli ownuk-uşaklyklary görýär (Eýýup 23:10, 31:4).
• Hemme zat Oňa tabyndyr (Eýýup 34:13).
• Onda meniň durmuşym babatda maksat bar (Eýýup 23:14).
• Ol meni halas eder (Eýýup 19:25).
Onuň Öz wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynanyň. Biz ruhy gurakçylyk döwründe öz duýgularyňyza däl-de, sabyrlylyk bilen Hudaýyň wadalaryna bil baglamalydyrys hem-de Hudaýyň özümizi mesihilik kämilliginiň has çuň derejesine alyp barýandygyna düşünmelidiris. Emosiýalara esaslanýan durmuş örän ýüzleý bolýandyr.
Şonuň üçin şunuň ýaly ýakymsyzlyk üstüňizden inende, gaýgylanyp oturmaň. Hudaýyň häsiýetini hiç hili ýagdaýlaram üýtgedip ýa-da yrandyryp bilmez. Hudaýyň merhemeti ýekeje sekuntlyk hem güýjüni ýitirýän däldir. Siz muny duýmasaňyz-da, Hudaý siziň arkaňyzda dag kimin bolup durandyr. Eýýup töweregindäki zatlaryň hiç biri-de bu hakykaty tassyklamadyk ýagdaýynda-da, barybir Hudaýyň Sözüne ýapyşdy.
Töweregindäki zatlaryň hemmesi manysyny ýitirse-de, Eýýuba Hudaýyň Sözüne bolan bu ynamy wepalylygyna galmaga kömek etdi.
Hudaýyň özüňizi terk edendigini duýsaňyzam, duýgularyňyza garamazdan barybir Oňa bil baglamagy dowam etdirseňiz, onda beýle etmek bilen Hudaýa çuň we hemişekisinden-de hakyky sežde edersiňiz.
Hudaýyň özüňiz üçin eýýäm eden zadyny ýatda saklaň. Hatda Hudaý indi özüňize hiç zat etmedik ýagdaýynda-da, Isanyň özüňiz üçin haçda eden zatlary üçin Hudaý eýýäm ömrüňiziň soňky günlerine çenli dynman Özüni şöhratlandyrmagyňyza mynasyp bolandyr.
Gynansak-da, käwagt biz Hudaýyň öz hatyramyza beren ejirli gurbanynyň eýmenç jikme-jikliklerini ýatdan çykarýarys. Köneleriň aýdyşy ýaly, näçe gowy tanasaň, şonça-da az sylaýarsyň. Ýuwnuksyzlyk özüňe göwnüýetmäni emele getirýändir. Haça çüýlemezlerinden öň Hudaýyň Ogluny ýalaňaçladylar, tanar ýaly etmän ençdiler, gamçy bilen saýgyladylar, üstüni içýakgyç gülküden doldurdylar, tüýkürdiler, başyna tikenden täç geýdirdiler. Birehim adamlar Ony kemsitdiler, esgermezçilik etdiler. Oňa dilsiz-agyzsyz haýwandan-da beter daradylar.
Ol köp gan ýitirendigi sebäpli, ýykylar ýagdaýa gelende, depe bilen aşakdan ýokarlygyna oňaýsyz haçy götermäge mejbur etdiler. Soň Ony şol haça çüýläp, haýal ölüm bilen gynalyp öler ýaly, haçda goýýarlar. Ony soňky güýçleri terk edip başlan wagty, haçyň astyna ýaňsylaýjylar gygyryp, paýyş hem nälet sözleri aýdyp, Onuň görgüleriniň üstünden gülüp, Özüni Hudaý diýip atlandyrandygy üçin hemmeleriň öňünde Ony ýaňsylap üýşüşdiler.
Birazajyk wagtdan soň, Isa bütin adamzadyň günäsini hem etmişini Öz üstüne alandan soň, Hudaý hem söz bilen beýan edip bolmajak bu eýmençlikden ýüz öwürdi. Isa bolsa doly gynanç içinde: «Hudaýym! Hudaýym!
Şol pursatyň ähli tümlüklerini we hasratyny hiç bir sözem beýan etmäge ukyply däldir. Näme üçin Hudaý aýylganç gabahatçylygyň bolmagyna ýol berdikä we nädip döz geldikä? Beýle etmek nämä gerek bolduka? Näme üçin? Siziň bakyýetde dowzahda bolmazlygyňyz üçin hem-de Hudaýyň geçip gitmeýän şöhratyna şärik bolmagyňyz üçin etdi. Mukaddes Kitapda:
Isa bize hemme zady bermek üçin hemme zatdan ýüz öwürdi. Ol biziň ebedi ýaşamagymyz üçin öldi. Eýýäm diňe şunuň özi biziň Ony dynman şöhratlandyrmagymyz we Oňa öwgi aýtmagymyz üçin ýeterlikdir. Oňa näme üçin minnetdarlyk bildirmelidigini ýene soramak bize gerekmidir?
Oýlanmak üçin hakykat: Men özümi nähili duýsam-da, Hudaý bardyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Ol daşda ýaly bolup görnen wagtynda, özüme Hudaýyň barlygyny nädip ýatlatmaly?
IKINJI MAKSAT
Siz Hudaýyň maşgalasy üçin ýaradyldyňyz
Men üzüm agajy, siz şahalarsyňyz.
Köp bolan biz-de Medihde bir tendiris.
15-nji gün
Hudaýyň maşgalasy üçin ýaradylanlar
Ýewreýler 2:10
1 Ýahýa 3:1a
Siz Hudaýyň maşgalasy üçin ýaradyldyňyz.
Hudaý maşgalaly bolmak isleýär, şonuň üçin Öz maşgalasynyň bir bölegi bolmagyňyz üçin sizi ýaratdy. Onuň siziň durmuşyňyz babatdaky ikinji maksady şeýledir. Ol bu maksada ýetmek üçin hemme zady siz dogulmankaňyz taýýarlap goýdy. Mukaddes Kitap tutuşlygyna Hudaýyň Özüni söýýänlerden we sylaýanlardan hem-de Özi bilen bile bakyýetde hökümdarlyk etjeklerden maşgala düzüşi barada gürrüň berýän kitapdyr. Onda:
Hudaý söýgi bolandygy sebäpli, dostluga aýratyn hormat goýýar. Gatnaşma Onuň tebigatynyň özünde bar, şonuň üçin Ol Özüni maşgalanyň dili hökmünde kesgitleýär: Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Üçbirlik — bu Hudaýyň Öz-Özi bilen gatnaşygydyr. Bu kämil şahsyýetara sazlaşygyň nusgasydyr, şol sebäpli-de, bu nusganyň özümiz üçin näme aňladýandygy hakda bize köp we ünsli pikirlenmek gerekdir.
Hudaý Öz-Özi bilen söýgüli aragatnaşyklarda hemişe-de bolupdyr, şonuň üçin Ol hiç haçan hem içigysgynçlyk duýmandyr. Onda Özüne maşgala ýaratma mätäçligi bolmandyr. Ol muny ýöne ýere etmek isläpdir, şonuň üçin Ol bizi ýaratmagy, Öz ýanyna alyp gelip, bar baýlygyny biziň bilen paýlaşmagy ýüregine düwüpdir. Bu zatlaryň hemmesi Hudaýa söz bilen beýan edip bolmajak lezzeti berýär. Mukaddes Kitapda:
Biz öz durmuşymyzy Mesihe ynananymyzda, Hudaý Atamyz bolýar, biz Onuň çagalary, beýleki mesihiler bolsa biziň doganlarymyz, ýygnak hem ruhy maşgalamyz bolýar. Hudaýyň maşgalasy geçmişdäki, häzirki we geljekdäki imanly adamlaryň hemmesini öz içine alýar.
Her bir adam Hudaý tarapyndan
Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolma çakylygy hemmelere-de gönükdirilendir (Markus 8:34, Resullaryň işleri 2:21, Rimliler 10:13, 2 Petrus 3:9), ýöne bir şert bilen: Isa Mesihe iman etmek hökmandyr. Mukaddes Kitapda:
Ruhy maşgala ganybir maşgaladan-da wajypdyr, sebäbi ruhy maşgala ebedi bolýandyr. Biziň ýerdäki maşgalalarymyz — bu Rebbiň ajaýyp sowgadydyr, ýöne olar biziň bilen wagtlaýyn bolýar ahyryn. Munuň üstesine-de, olar diýseň näzik bolýar. Olary köplenç aýrylyşma, garrylyk, menziller weýran edýär we ölüm hem gutulgysyzdyr. Ruhy maşgala bolsa, ýagny biziň beýlekli mesihiler bilen saklaýan gatnaşyklarymyz bakyýete ýaýrap gidýär. Bu ganybir ýakynlykdan has berkdir we mizemez birleşmedir, uzaklara gidýän gatnaşykdyr. Pawlus her gezek Hudaýyň bize niýetlän maksady barada oýlananda, minnetdarlyk öwgüsini aýtman saklanyp bilmeýärdi:
HUDAÝYŇ MAŞGALASYNA DEGIŞLILIGIŇ ARTYKMAÇLYGY
Hudaýyň maşgalasynda doglup-dogulmankaňyz, siziň üstüňize doglan günüňizi gutlap haýran ediji sowgatlary ýagdyrýarlar. Şonda sizde täze at, familiýa, maşgala artykmaçlyklary, maşgalanyň beýleki agzalary bilen berk ýakynlyk, hatda nesil mirasy-da peýda bolýar! (1 Ýahýa 3:1, Rimliler 8:29, Galatýalylar 4:6–7, Rimliler 5:2, 1 Korintoslylar 3:23, Efesliler 3:12, 1 Petrus 1:3–5, Rimliler 81:7). Mukaddes Kitapda:
Täze Äht biziň bol «mirasymyz» hakda yzyny üzmän gürrüň berýär. Onda:
Pawlus:
Mukaddes Kitapda:
SUWDA ÇOKUNDYRYLMA: ÖZÜŇIŇ HUDAÝYŇ MAŞGALASYNYŇ AGZASYDYGYŇY KÖPÇÜLIGIŇ ÖŇÜNDE YKRAR ETMEKDIR
Sagdyn maşgalalar kanuny maşgala guwanjy bilen tapawutlanýarlar. Onuň agzalary öz familýasynda we garyndaşlaryndan utanmaýarlar. Gynansak-da, öz imanyny entegem köpçüligiň öňünde Isa Mesihiň tabşyryşy ýaly ykrar etmedik, ýagny suwda çokundyrylma almadyk mesihilere duş gelmeli bolýaryn.
Suwda çokundyrylma — bu haýsydyr bir hökman bolmadyk, soňa goýsa-da ýa-da düýbünden äsgermezlik etse-de bolýan bir däpdäldir. Ol seniň Hudaýyň maşgalasyna birigýändigiňi aňladýar. Siz suwda çokundyrylmany almak bilen adamlaryň öňünde bütin dünýä: «Men Hudaýyň maşgalasynyň bir bölegi bolmakdan utanmaýaryn!» diýip yglan edýärsiňiz. Ýa-da siz utanýarmysyňyz? Isa Öz maşgalasynyň her bir agzasyna bu ajaýyp syry ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Ol bize:
Men köp ýyllaryň dowamynda Mesihiň Beýik tabşyrygynyň suwda çokundyrylmany Hoş Habary wagyz etme we şägirtçilik ýaly ilkinji derejeli işler bilen deň wajyplygyny tutanýerlilik bilen belleýändigi hakda pikir etdim. Suwda çokundyrylma näme üçin şeýle wajypka? Sebäbi ol durmuşymyzyň ikinji maksadyny, ýagny Hudaýyň ebedi maşgalasyndaky gatnaşyga gatnaşmany alamatlandyrýar.
Suwda çokundyrylma diýseň wajyp manydan doludyr. Ol siziň imanyňyzy yglan edýär, Isanyň jaýlanylmasyny we ölümden direlmesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär, köne durmuş üçin ölendigiňizi alamatlandyrýar hem-de Mesihdäki täze durmuşy habar berýär. Bu mundan başga-da, siziň Hudaýyň maşgalasyna birigýändigiňiz mynasybetli bellenilýän baýramçylykdyr.
Suwda çokundyrylma — bu ruhy hakykatyň fiziki, görkezme obrazydyr. Ol Hudaý sizi Öz maşgalasyna alyp baranda nämäniň bolup geçendigini görkezýär.
Biz Hudaýyň maşgalasyna suwda çokundyrylma bilen däl-de, Mesihe bolan iman bilen girip bilýäris. Suwda çokundyrylma biziň şol maşgalanyň agzasy bolandygymyzy
Täze Ähtde adamar suwda çokundyrylmany imana gelen batlaryna alypdyrlar. Pentikost güni üç müň adam Mesihe iman eden güni suwda çokundyryldy. Hebeşli wezir iman eden badyna, başga ýere gitmezden suwda çokundyrylýar. Pawlus bilen Silas türme garawulynyň özüni we bütin maşgalasyny
DURMUŞDAKY IŇ BEÝIK HORMAT
Mukaddes Kitapda:
Hakykat üçin oýlanma: Men Hudaýyň maşgalasy üçin ýaradyldym.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Beýleki mesihilere öz maşgalamyň agzasy ýaly garamak üçin men näme edip bilerin?
16-njy gün
Iň wajyp zat
1 Korintoslylar 13:3
2 Ýahýa 1:6
Durmuşdaky iň zerur zat söýgüdir.
Hudaýyň söýgüdigi sebäpli, Onuň bu ýerde her birimiz üçin öňünden bellän wajyp sapagy — bu söýmegi öwrenmekdir. Biz diňe söýgüde hemmesinden köp Oňa meňzeş bolýarys, şol sebäbe görä-de, özümize berlen her tabşyrygyň esasynda söýgi ýatandyr.
Özüňi pida edijilikli we öz bähbidiňi gözlemeýän söýgini öwrenmek aňsat zat däldir, sebäbi ol biziň tebigy egoistik meýillerimize doly garşy gelýär. Munuň üçin özümize tutuş bir durmuşyň berlendigi geň zat däldir. Elbetde, Hudaý biziň hemme adamlary-da söýmegimizi isleýär, ýöne Öz maşgalasynyň beýleki agzalaryny söýmegi öwrenmegimiz Onuň üçin
Näme üçin Hudaý bizi beýleki mesihileri aýratyn söýmeklige çagyrýar? Näme üçin diňe şolar birinji ýerde durýar? Sebäbi Hudaý Öz maşgalasynyň hemme zatdan öňürti söýgüsi bilen meşhur bolmagyny isleýär. Dünýä üçin esasy şaýatlygyň ahlak gymmatlyklary ýa-da taglymat pikirleri däl-de, hut biziň
Göklerde biz biri-birimiz üçin tükeniksiz şatlanarys, ýöne söýginitutuş bakyýetine taýýarlanmak üçin biz ilki bilen bu ýerde köp we güýçli işlemeli bolýarys. Hudaý bize «maşgala borçlaryny» sowgat bermek bilen söýmegi öwredýä. Şol borçlaryň ilkinjisi-de, biri-biriňe söýgi bilen garamakdyr.
Hudaý biziň beýleki mesihiler bilen hemişelik, yzygiderli gatnaşykda bolmagymyzy, şeýle etmek bilen özümizde söýme endigini hem ukybyny ösdürmegimizi isleýär. Ýekelikde galmak bilen söýmegi öwrenmek mümkin däldir. Munuň üçin öz ejizlikleri hemgünäleri bilen gaharymyzy getirýän, özümizi ynjydýan adamlaryň ýanlarynda bolmagymyz gerek. Biz şunuň ýaly gatnaşygyň üsti bilen üç sany wajyp hakykaty özleşdirýäris.
DURMUŞY DOLANDYRMANYŇ IŇ GOWY USULY — BU SÖÝMEKDIR
Söýgi biziň birinji derejeli zadymyz, baş maksadymyz, iň beýik arzuwymyz bolmalydyr. Bu ýöne bir durmuşyň ähmiýetli bölegi däl-de, onuň
«Meniň durmuşdaky arzuwlarymyň biri söýmegi öwrenmekdir» diýmek azlyk edýär, sebäbi bu diňe siziň ileri tutýan zatlaryňyzyň birinji onlugyna girýän ýaly bolup görünýär. Iki taraplaýyn gatnaşyklar ilkinji derejeli ýeri eýelemelidirler, başga zatlardan ýokarda bolmalydyrlar. Näme üçin?
Söýgüsiz durmuş durşuna hiç zada peýdasyz durmuş bolar. Pawlus:
Köplenç biz iki taraplaýyn gatnaşyklara şonsuzam hyryn-dykyn bolup duran gün tertibimiziň bir ýerine dykmasy gerek bolan bir iş ýaly garaýarys. Biz öz çagalarymyza wagt
On Tabşyrygyň dördüsi biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyza degişlidir, galan altysy bolsa, beýleki adamlar bilen gatnaşyklarymyza degişlidir. Ýöne olaryň onusy hem şahsyýetara gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr! Soňrak Isa Hudaýyň iň zerur hasaplaýan zadyny: «Hudaýy söýmek we adamlary söýmek» diýen iki tabşyrykda jemleýär. Biziň durmuşymyzda seždeden soňky wajyp bolan zat — bu adamlary söýmekdir. Ol:
Durmuşdaky iň wajyp zat — bu emläk gazanmak ýa-da edinmek däl-de, iki taraplaýyn gatnaşyklary gazanmakdyr. Onda näme üçin olaryň soňky ýere gitmegine, hatda görnüksiz ýerde durmagyna ýol berýäris? Gün tertibimiz tikininden jaýryk açyp başlanda, biz hemme zatdan öňürti, başga işleri üçin wagt tygşytlajak bolup, gyzgyn mähirli, aladamyzy edýän iki taraplaýyn gatnaşyklar üçin zerur bolan wagtymyzdan, güýjümizden we ünsümizden gädip, gatnaşyklarymyzy gysgaldyp başlaýarys. Şeýdip, iň esasy zat ýerini iň gyssagly zat bilen çalyşýar duruberýär.
Işlilik — islendik gatnaşygyň hem ganym duşmanydyr. Biz durmuşyň manysy şonda jemlenen ýaly, işimiz, gedemligimiz, gündelik aladalarymyz, köpräk pul gazanma dyrjaşmamyz bilen başagaý bolup ýörýäris. Emma bu beýle däl ahyryn! Durmuşyň manysy söýmegi öwrenmekde, Hudaýy hem adamlary söýmegi öwrenmekde jemlenendir. Durmuş minus söýgi deňdir nol bolýar.
Söýgi hiç haçan bes edilýän däldir. Hudaýyň özümizi söýgini iň wajyp zadymyz etmeklige çagyrýandygynyň ýene bir sebäbi, onuň bakyýetde öz ýanymyzda galýandygydyr.
Söýgi yzsyz hem-de miwesiz bolýan däldir. Ýer ýüzünde gazanylan beýik üstünlikler ýa-da toplanylan baýlyk däl-de, diňe adamlar bilen bolan gatnaşyklarymyz ähmiýetli we göze ilginç yzlary galdyrýandyr. Tereza enäniň aýdyşy ýaly, «iň esasy zat näme bilen meşgullanýandygyň däl-de, şol işe näçe söýgi goýýandygyňdyr». Söýgi — bu uzak dowam edýän mirasdyr.
Maňa adamlar ölüm ýassygynda ýatyrkalar, bakyýetiň bosagasynda duran mahaly, olaryň ýanynda oturmak köp gezek miýesser edipdi. Men entek olaryň ýekejesiniň hem: «Tizräk meniň diplomlarymy getiriň! Men olary ýene ýekeje gezek göreýin! Maňa alan baýraklarymy, medallarymy, sowgat berlen sagady getirip beriň!» diýenini eşitmedim. Ýerdäki ýaşaýşynyň ahyry gelende, dünýäden gidip barýan adam töweregine zat üýşürmeýär-de, gowy görýän adamlaryny, ýakynlaryny we dostlaryny ýygnaýar.
Soňky minutlarda hemmeler durmuşyň manysynyň gatnaşykda we dostlukda bolýan ekendigine düşünýärler. Akylly adam muny öňünden bilýär. Ölmeli sagadyňa garaşyp oturmak gerek däl. Ynanaýyň we düşüniň, durmuşda şundan wajyp zat ýokdur.
Bize söýşümiziň mukdaryna görä baha bererler. Adamlary söýmäniň ilkinji derejeli ýene bir sebäbi, bakyýetde hut şunuň esasynda özümize baha beriljekdigindedir. Hemme zatlardan başga-da, Hudaý biziň ruhy kämilligimize iki taraplaýyn gatnaşyklarymyza seredip baha berýär. Ol biziň abraýly işimiz, bankdaky hasabymyz ýa-da güýmenjelerimiz hakda soramaz. Ol munuň deregine siziň beýleki adamlara, ylaýta-da, mätäçlere seredişiňize bakar (Matta 25:34–46). Eger Öz maşgalasynyň agzalaryny söýsek, iş ýüzündäki we real mätäçliklerini kanagatlandyrsak, Özüni söýdügimiz bolýandygyny aýtdy:
Biz bakyýete gidenimizde, bar emlägimizi ýerde goýup gidýäris. Biziň ýeke-täk alyp gidýän zadymyz — bu häsiýetimizdir. Mukaddes Kitapda:
Şuny hasaba almak bilen men size her gün irden ýeriňizden turanyňyzda, dyza çöküp ýa-da krowadyň bir gyrasynda oturyp, şunuň ýaly doga etmekligi teklip edýärin: «Hudaýym, bu gün ýene-de bir zatlar etmegiň özüme başartjak başartmajakdygyny men bilmeýärin, ýöne men hemme zatdan öňürti Seni we adamlary söýmäge wagt belläp goýmak isleýärin, sebäbi durmuşyň bar manysy şunda jemlenen ahyryn. Men bu günki güni ýöne geçirip goýbermek islemeýärin». Eger siz şu günüňizi boşlugyna geçirýän bolsaňyz, onda size ertirki güni bermek Hudaýa nämä gerek?
SÖÝGINI IŇ GOWY BEÝAN ETME — BU WAGTDYR
Belli bir işiň möhümligini biziň şoňa näçeräk wagt sarp etmäge taýýardygymyz bilen ölçäp bolar. Biz kimdir birine ýa-da nämedir bir zada näçe köp wagt sarp etsek, şol adam ýa-da şol iş biziň nazarymyzda şonça-da, uly ähmiýete hem gymmata eýe bolar. Eger öz tanyşlaryňyzyň ileri tutýan zatlarynyň nämedigini bilmek isleýän bolsaňyz, olaryň wagtyny paýlaýşyna serediň.
Wagt iň gymmat sowgatdyr, sebäbi ol bize diňe belli bir mukdarda berilýär. Puly hemişe-de gazanyp bolar, ýöne özüňe köpräk wagty gazanmak asla mümkin däldir. Kimdir birine wagtyňyzy berseňiz, siz oňa durmuşyňyzyň indi yzyna gaýtaryp alyp bolmajak bir bölejigini berýärsiňiz. Siziň wagtyňyz öz durmuşyňyzdyr. Hut şunuň üçin hem ol biri-birimize teklip edip biljek iň gymmatly sowgadymyzdyr.
Diňe iki taraplaýyn gatnaşyklar örän wajyp
Söýginiň özeni biziň başga bir adam hakda pikir etmegimizde däl-de, onuň üçin bir zat etmegimizde hem onuň aladasyny etmegimizde hem-de oňa
Gowy görýän adamyňdan iň garaşylyp islenilýän zat — bu göwher, bägül ýa-da şokolad süýjüsi däl-de,
Söýgüsiz hem gurban berip bolar, ýöne gurbansyz söýgi bolup bilmez.
GOWUSY HÄZIR SÖÝMELI
Gaty bir wajyp bolmadyk işi käwagt soňa goýmak dogrudanam gowy bolýar. Ýöne söýgüden başga wajyp zadyň ýokdugy sebäpli, oňa ilkinji nobatda boýun bolmalydyr. Bu Mukaddes Kitapda ýekeje gezek agzalyp goýulýan däldir. Onda:
Näme üçin soňa goýman häzir söýmek gowuka? Sebäbi siz özüňizde munuň ýaly mümkinçiligiň köp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny bilmeýärsiňiz. Ýagdaýlar üýtgeýär. Adamlar ölýärler. Çagalar ulalýarlar. Ertirki güne hiç hili kepil ýok. Şonuň üçin hem, eger kimdir birine söýgiňizi görkezmek isleýän bolsaňyz, ony haýal etmän şu wagt ediň.
Günleriň birinde hemmämiziňem Hudaýyň öňünde durjakdygymyzy bilýändigiňiz üçin ine, şunuň ýaly soraglara jogap bermäge synanyşyň. Haýsydyr bir proýektleriň ýa-da zatlaryň özüňiz üçin adamdan has zerur bolandygyny siz Hudaýa nädip düşündirjek? Size kim bilen köpräk wagt geçirmek gerek? Munuň üçin gün tertibiňizdäki haýsy işi aýyrmak gerek? Siz nämäňizi pida edersiňiz?
Öz durmuşyňyza ygtyýar etmäniň iň gowy usuly — bu ony söýgä bagyş etmekdir. Söýgini görkezmäniň iň gowy usuly — bu wagtdyr. Öz söýgiňi görkezmäniň iň gowy wagty — bu häzirdir.
Oýlanmak üçin hakykat: Durmuşdaky iň möhüm zat — bu söýgüdir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Iki taraplaýyn gatnaşyklar hakykatdanam özümiň iň wajyp zadym diýip, men çynym bilen aýdyp bilerinmi? Munuň hakyky zat bolmagy üçin men näme edip bilerin?
17-nji gün
Özüniniňkileriň arasyndaky özüniňki
Efesliler 2:19
1 Timoteos 3:15
Biz diňe bir ynanmaga däl, eýsem, biri-birimize degişli bolmaga hem çagyrylandyrys.
Hatda birkemsiz Erem bagynda-da Hudaý:
Mukaddes Kitapda beýleki mesihilerden üzňe we gatnaşykdan mahrum bolan mukaddes terkidünýä ýa-da ruhy ýalňyz adamlar hakda gürrüň edilmeýär. Onda biziň
Biziň Hudaý bilen aragatnaşyklarymyz diňe şahsy häsiýete eýe bolsa-da, şol gatnaşyklaryň diňe öz hususy işimiz bolýandygyny Hudaý hiç haçan hem aýtmandy. Biz Hudaýyň maşgalasynda beýleki mesihiler bilen birigýäris-de,
Mesihiň yzyna eýermeklik diňe bir iman bolman, eýsem, degişlilikdirem, şäriklikdirem. Biz Onuň Bedeniniň agzalarydyrys. Klaýw Lýuis «agzalyk» sözüniň mesihilik köküniň bardygyny, ýöne dünýäniň onuň manysyny ýoýup, ilkinji manysyndan mahrum edendigini belleýär. Dükanlar alyjylar klublarynyň «agzalaryna» arzanladylma teklip edýärler. Reklamaçylar hem şu sözi ulanyp, özleriniň hemişelik müşderileriniň sanawyny düzýärler. Hatda ýygnaklarda-da agzalyk täze gelen adamyň adynyň bellikler bazasyna hiç hili talapsyz we hiç hili borçsuz girizilýändigi bilen aňladylýar.
Pawlus üçin ýygnak «agzasy» bolmak diri bedendäki wajyp organ, Mesihiň Bedeniniň beýleki bölekleriň hemmesi bilen berk baglanyşykda bolýan we çalşyp bolmaýan bölegi bolmaklygy aňladýardy (Rimliler 12:4–5, 1 Korintoslylar 6:15, 1 Korintoslylar 12:12–27). Bize özümiz üçin «agzalyk» sözüniň Mukaddes Kitap manysyny täzeden açyp, ony durmuşda ulanmak zerurdyr. Ýygnak — bu ymaratam, organizmem, gurama-da däl, Bedendir.
Ýekeje organ hem bedenden üzňelikde özüne niýetlenilen işi edip bilýän däldir. Siz babatda-da hut şuny aýtmak bolar. Siz Mesihiň Bedeninde belli bir roly oýnamak üçin ýaradyldyňyz, ýöne eger ýerli diri ýygnaga goşulmasaňyz, öz durmuşyňyzyň bu ikinji maksadyny ýerine ýetirip bilmersiňiz. Biz özümiziň durmuşdaky rolumyza başgalar bilen saklaýan gatnaşyklarymyzyň üsti bilen akyl ýetirýäris. Mukaddes Kitapda:
Eger agzalaryň islendik biri haýsydyr bir sebäbe görä, bedenden kesilse, ol diňe gurar-da öler. Ol özbaşyna ýaşap bilmez. Siz hem şeýle ýaşap bilmersiňiz. Eger siz ýerli ýygnak bilen gatnaşygy ýitirseňiz, ondan syzyp çykýan ýaşaýyş güýjünden mahrum bolarsyňyz, siziň ruhy durmuşyňyz solup başlaýar we wagtyň geçmegi bilen doly bes eder (Efesliler 4:16). Şonuň üçin hem, ruhy pese düşüşiň simptomy adatça ýekşenbe ýygnaklaryna hem-de imanlylaryň beýleki ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnamazlyk bilen baglanyşykly bolýandyr. Beýleki mesihiler bilen gatnaşyklara äsgermezçilikli garap başlanymyzda, beýleki galan zatlaryň hemmesi öz-özünden eňňitden aşaklygyna gidip başlar.
Hudaýyň maşgalasyna degişlilige wajyp hem hökman bolmadyk bir zat hökmünde seretmeli däldir. Ýygnak — bu Hudaýyň bütin dünýä üçin maksadydyr. Isa:
Mukaddes Kitap ýygnagy
SIZIŇ ÝERLI ÝYGNAGYŇYZ
Birnäçe zerur bolan düzgünden çykmalardan başga ýerde «ýygnak» sözi ähli döwürlerdäki we milletlerdäki mesihileriň toplumyna degişli bolýandyr. Täze Ähtde ol hemişe belli bir takyk ýerli ýygnak manysynda ulanylýar. Täze Äht ýerli ýygnakdaky agzalygy öz-özünden düşnükli bir zat hökmünde kabul edýär. Ýerli ýygnaga hemmeleriň gözüniň öňünde eden göze dürtülip duran aýdyň günäsi sebäpli, mesihileriň arasyndan aýryp, ýygnak tarapyndan jezalandyrylmaly bolan adamlar degişli bolmandyr (1 Korintoslylar 5:1–13 we Galatýalylar 6:1–5).
Ýygnakda maşgalasy bolmadyk mesihi bedenden kesilip alnan bir organa, sürüden azaşyp galan goýna, öz öýünden mahrum bolan çaga meňzeşdir. Bu adaty bolmadyk ýagdaýdyr, bu beýle bolmaly däldir. Mukaddes Ýazgyda:
Garaşsyzlygy hem indiwiduallygy ýokary tutýan häzirki zaman medeniýeti birgiden ruhy ýetimleri emele getirdi. Ol ýygnakdan-ýygnaga uçup-gonup, ýygnaklaryň hiç haýsysynda-da öz ýerini tapyp bilmän, öz üstüne hiç hili jogapkärçiligi alman, edýän hereketleri üçin hiç kimiň öňünde jogap bermän ýören «mesihi perwanalary» emele getirdi. Käbirleri ýerli ýygnaga birikmezdenem, hatda ýygnaga gatnamazdanam, «gowy mesihiligiňe» galyp bolýar diýip çaklaýarlar. Emma Hudaý onuň bilen aýgytly ylalaşmaýar. Mukaddes Kitapda köp degerli sebäpler sanalyp geçilipdir. Şol sebäbe görä, özüňi ýygnak gatnaşyklaryna bagyş etmek zerurdyr.
BIZE ÝYGNAK MAŞGALAMYZ NÄMÄ GEREK?
Ýygnak maşgalam meniň hakykatdanam mesihidigimi tassyklaýar. Eger Mesihiň şägirtleriniň belli bir toparynyň wepaly agzasy bolmakdan ýüz öwürsem, onda Onuň yzyna eýerýändigimi aýdyp bilmerin. Isa:
Ýygnak maşgalasy hökmünde dürli millete, dürli sosial gatlaga degişlidigimize garamazdan bilelikde söýgüde bolsak, biziň birligimiz töweregimizdäki dünýä üçin şaýatlyk bolar (Galatýalylar 3:28, Ýahýa 17:21). Siz özbaşyňyza Mesihiň Bedeni bolup bilmersiňiz. Munuň üçin size başga mesihiler gerek bolýar. Biz aýratynlykda däl-de,
Ýygnak maşgalamyz bizi özümizi söýüp daşlaşmadan alyp çykýar. Ýerli ýygnak — bu Hudaýyň maşgalasynyň beýleki agzalary bilen ysnyşmany öwrenýän mekdebimizdir. Eger isleseňiz — bu özüňi ret etme, özüňi gynama söýgüsi boýunça praktiki işler üçin laboratoriýadyr. Ýerli ýygnagyň agzasy bolmak bilen siz başga adamlaryň aladasyny etmegi öwrenýärsiňiz we olaryň gyzyklanmalaryny paýlaşýarsyňyz.
Hakyky Mukaddes Kitap gatnaşygy biziň biri-birimize hem edil Mesihe wepaly bolşumyz ýaly wepaly bolmaklygy aňladýar. Hudaý bizi biri-birimiz üçin janymyzy-da bermeklige çagyrýar. Ýahýa 3:16-ny ýatdan bilýän köp mesihiler näme üçindir:
Ýygnak maşgalamyz bize ruhy myşsalary ösdürmäge ýardam edýär. Eger diňe umumy ýygnaklara baryp, hiç zada gatnaşmaýan tomaşaçy bolsaňyz, hiç haçan ruhy kämillige ýetip bilmersiňiz. Diňe ýygnagyň durmuşyna gatnaşmaklyk bize ruhy myşsalary ösdürmäge kömek edýär. Ýazgy:
Täze Ähtde «biri-birine» ýa-da «biri beýlekisini» diýen jümleler elli gezekden gowrak ulanylýar. Bize biri-birimizi söýmeklik, biri-birimiz üçin doga etmeklik, biri-birimizi ruhlandyrmaklyk, biri-birimize öwüt-nesihat bermeklik, biri-birimize salam bermeklik, biri-birimize gulluk etmeklik, biri-birimize öwretmeklik, biri-birimizi kabul etmeklik, birek-biregiň ýüküni götermeklik, biri-birimizi bagyşlamaklyk, biri-birimize boýun bolmaklyk, biri-birimize wepaly bolmaklyk we başga-da köp zatlar pent edildi. «Agzalyk» sözüniň Mukaddes Kitap manysy, ine, nämede jemlenilýän eken! Biziň maşgala borçlarymyz şunuň ýalydyr. Şonuň üçin Hudaý biziň şol borçlary imanlylaryň ýerli ýygnagynda bolup ýerine ýetirerimize garaşýar. Siz şol borçlary kim üçin ýerine ýetirýärsiňiz?
Köpleriň göwnüne bolmasa, köňlümiziň isleýşi ýaly hereket etmegimize hiç kim päsgel bermedik ýagdaýynda mukaddes bolup galmak aňsat bolýan ýaly bolup görünýär. Emma bu ýalan, berk bolmadyk mukaddeslikdir. Başgalardan üzülip galmaklyk öz yzy bilen ýalany we öz-özüňi aldamany getirýär. Ýanymyzda öz sözleri hem edýän hereketleri bilen biziň çyn tebigatymyzy ýüze çykarar ýaly hiç kimiň ýok ýerinde özüňi ruhy taýdan kämil adam hasaplap aldanmak örän aňsat bolýar. Hakyky kämillik diňe aragatnaşyklarda peýda bolýandyr.
Ruhy taýdan ösmek üçin diňe Mukaddes Kitaby okamak ýeterlik däldir. Bize beýleki imanlylar zerur gerekdir. Biz biri-birimizden öwrensek, işlerimiziň nädip öňe gidýändigi hakda biri-birimize hasabat bersek, biz has tiz öseris we berkäris. Beýleki mesihiler Hudaýyň özlerine öwreden zatlaryny paýlaşsalar, menem olardan köp zady öwrenerin we öserin.
Mesihiň Bedeni bize mätäçdir. Hudaý Öz maşgalasynda biziň her birimize öz ýerimizi we üýtgeşik rolumyzy belläp goýdy. Bu rola gulluk diýilýär. Biz şol gullugy ýerine ýetirip bilerimiz ýaly, Hudaý bize ýörite şol gulluga gabat gelýän sowgat bilen sylaglary. «…
Ýerli ýygnak — bu Hudaýyň biziň özümize berlen sowgatlarymyzy ýüze çykaryp, ösdürip hem ulanyp bilmegimiz üçin taýýarlan ýeridir. Belki, bizde has giňräk gullugymyz bardyr, ýöne ol hemişe biziň ýerli ýygnakda edýän zatlarymyza
Biz Mesihiň bütindünýä gullugyna gatnaşýarys. Isa ýerde ýören wagty, Hudaý Onuň fiziki bedeniniň üsti bilen hereket etdi. Bu gün bolsa Ol Onuň ruhy bedeniniň üsti bilen hereket edýär. Ýygnak — bu Hudaýyň ýerdäki guralydyr. Biz biri-birimize bolan söýgimiziň üsti bilen diňe bir dünýä Hudaýyň söýgüsini görkezmeli däldiris. Biz şol söýgini bilelikde dünýäniň galan bölegine ýaýratmalydyrys. Hudaý bize nähili haýran galdyryjy artykmaçlygy sowgat beripdir! Mesihiň Bedeniniň agzalary bolandygymyz üçin
Ýygnak maşgalamyz bize Mesihden daşlaşmazlyga kömek edýär. Biziň hiç birimizem synaga düşmeden ätiýaçlandyrylan däldiris. Ýagdaýlaryň belli bir akymlarynda her birimizem islendik günäni etmäge ukyply bolup bilýändiris (1 Korintoslylar 10:12, Ýeremýa 17:9, 1 Timoteos 1:19). Hudaý muny gaty gowy bilýär, şonuň üçin hemmämize dogry ýoldan çykmazlyga biri-birimize kömek etmekligi tabşyrdy. Mukaddes Kitapda:
Mundan başga-da, ýerli ýygnak bize takwa liderler we halypalar tarapyndan ruhy goragy hem berýär. Hudaý ruhy çopanlary bizi garawullamak, goramak, bize öwütnesihat bermek hem-de öz sürüsiniň ruhy abadançylygynyň gamyny iýmegi üçin goýdy (Resullaryň işleri 20:28–29, 1 Petrus 5:1–4, Ýewreýler 13:7, 17). Mukddes Ýazgyda:
Bedeniň durmuşyndan daşda, Hudaýyň maşgalasyna ýat, haýsydyr bir ruhy çopanyň öňünde hiç hili jogapkärçilik çekmeýän ýekemen mesihi şeýtanyň göwnüne diýseň ýaraýandyr. Şeýtan olaryň güýçsüzdigini we öz duzagyndan goranyp bilmejekdiklerini bilýär.
ÝYGNAK — BU HEMME ZATDYR
Men özümiň mundan öňki «Maksada okgunly ýygnak» atly kitabymda sagdyn durmuş üçin sagdyn ýygnagyň gerekdigini jikme-jik düşündiripdim. Siz ony hem okaýansyňyz diýip umyt edýärin, sebäbi ol öz durmuşy wezipäňiziň ähli bäş jähtini ýerine ýetirmegiňize kömek etmek üçin Hudaýyň Öz ýygnagyny ýörite döredendigine düşünmäge size kömek edýär. Hudaý ýygnagyň siziň iň çuň talaplarymyňyz kanagatlandyrylmagy üçin döretdi. Her bir adama nähilidir bir maksat hökmany suratda gerekdir. Ol şol maksadyň hatyrasyna ýaşamalydyr. Mundan başga-da, oňa bile ýaşar ýaly adamlar, öz ýaşaýşyny esaslandyrar ýaly prinsipler, şoňa laýyklykda ýaşar ýaly çagyryşlar, bu zatlaryň hemmesini amala aşyrar ýaly güýç gerekdir. Dünýäde bu zatlaryň hemmesini birden berip bilmäge ukyply bolan başga ýer ýokdur.
Aslynda Hudaýyň ýygnaga niýetlän bäş maksady Onuň siziň durmuşyňyza niýetlän bäş maksadyna doly gabat gelýär. Sežde etme öz
SAÝLAWY SIZ ETMELI
Biziň her bizimizem doglan pursatyndan başlap, awtomatiki usulda ullakan, umumyplaneta adam maşgalasynyň agzasy bolýarys. Ýöne çaga munda başga-da, öziniň aladasyny bolmalysy ýaly edýän, terbiýeleýän we berk hem sagdyn ösmegine kömek edýän belli bir takyk maşgala girmek hökman gerek bolýar. Ruhy tarapdan hem edil şunuň ýaly ýagdaý bolmalydyr. Siz ýokardan doglan mahalyňyzda, siz Hudaýyň älemdäki maşgalasynyň bir agzasy bolýarsyňyz, ýöne size belli bir takyk ýygnaga goşulmak gerek bolýar.
Gatnaşyjy bilen ýygnagyň agzanyň arasyndaky tapawut olaryň bagyş edilenlik derejesindedir. Gatnaşyjylar passiw synçylar bolmaklygyna galýarlar, ýygnagyň agzalary bolsa işjeň gatnaşýarlar. Gatnaşyjylary «talap ediji» diýip atlandyrsa bolýarmyka diýýärin, agzalar bolsa, ýygnagyň döremegine öz goşantlaryny goşýarlar. Bu ýerdäki tapawut hem raýatlyk nikasynda ýaşaýanlar bilen nika birleşmesini baglap, özlerini doly är-aýallyga bagyş edýänleriň arasyndaky ýalydyr.
Ýerli ýygnak maşgalasyna degişli bolmak näme üçin beýle wajyp? Sebäbi degişli bolmak bilen siz Mesihdäki öz doganlaryňyza diňe bir sözde däl, eýsem, işde-de bagyş edilendigiňizi we wepalydygyňyzy görkezýärsiňiz. Hudaý biziň hem edil Özi ýaly, oýlanylyp tapylan birkemsiz adamlary däl-de, real adamlary söýmegimizi isleýär. Bütin ömrüňe ajaýyp ýygnagy gözlemeli bolmagyň-da mümkin, ýöne ony tapmak barybir başartmaz. Biz kämil bolmadyk günäkärleri Hudaýyň söýşi ýaly söýmeklige çagyrylandyrys.
Iýerusalimdäki mesihileriň biri-birlerine bolan wepalylygyny we yhlaslylygyny takyk we iş ýüzünde görkezendikleri Resullaryň işleri kitabynda ýazylypdyr. Olar üznüksiz gatnaşykda bolupdyrlar. Mukaddes Kitapda:
Mesihilik durmuşy diňe bir Mesihe bagyş edilmäni däl-de, beýleki mesihilere-de wepalylygy öňe sürýär. Makedoniýadaky imanlylar muňa gaty gowy düşünýärdiler. Pawlus olar hakda:
Oýlanmak üçin hakykat: Men diňe bir iman etmeklige däl-de, beýleki mesihilere degişli bolmaklyga-da çagyrylandyryn.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Eger meniň ýerli ýygnagyň durmuşyna gatnaşyşyma seretseň, özümiň Hudaýyň maşgalasyny söýýändigimi we oňa wepalydygymy aýdyp bolarmy?
18-nji gün
Bilelikdäki ýaşaýyş tejribesi
Koloseliler 3:15
Zebur 133:1
Biz bile ýaşar ýaly edilip ýaradylypdyrys.
Hudaý biziň bile ýaşamanyň nämedigini bilmegimizi isleýär. Mukaddes Kitap muňa:
Hakyky gürrüňdeşlik öz içine diňe bir ýygnanyşyklara barmaklygy aňlatmaýar. Bu
Bu ýerde mesihileriň toparynyň mukdary az rol oýnamaýar. Gürrüňdeşlik üçin
Isa Öz gullugyny şägirtleriň uly bolmadyk toparynda alyp barýar. Ol Özüne ýene-de kimdir birini alyp bilerdi, ýöne Ol on iki adamdan ybarat bolan kiçi toparyň maksimal möçberidigini bildi. Şolar bilenem peýdaly hem deň hukukly gürrüňdeşlikleri alyp baryp boljakdy.
Mesihiň Bedeni-de, aslynda, biziň fiziki bedenimiz kimin, onwuk-uşak öýjüklerden düzülendir. Siziň bedeniňiziň ýaşaýşy hem, edil Mesihiň Bedeniniň ýaşaýşy ýaly, şolara baglydyr. Hut şu sebäpli-de, her bir mesihä öz ýygnagynyň içindäki haýsydyr bir kiçi toparyň, öý ýygnanyşyklarynyň bolsa-da, ýekşenbe mekdebiniň bir klasy bolsa-da, ýa-da Mukaddes Kitaby öwrenmek boýunça gurnak bolsa-da, garaz, bir kiçi toparyň agzasy bolmak hökmandyr. Hakyky gürrüňdeşlikler umumy ýygnaklarda däl-de, şunuň ýaly toparlarda bolýar. Eger ýygnagy ullakan gämä meňzetsek, onda beýleki kiçi toparlary şol gämä berkidilen halas ediji şlýupka ýaly bolýandyr.
Hudaý haýran ediji gürrüňdeşlikleri imanlylaryň şunuň ýaly kiçi toparlaryna berdi.
Biz hakyky söhbetdeşlikde çuň hakykatçylygy we açyklygy duýýarys. Söhbetdeşlik ýüzleý, çuň bolmadyk maglumat alyşma däldir. Ol kalbyň jümmüşinden çogup çykýandyr. Käwagt bolsa, ol kalbyň iň pynhan gizlin ýerlerini-de açýandyr. Söhbetdeşlik adamlar biri-birleri bilen özleriniň «men»-i, durmuşynda bolýan zatlary paýlaşanlarynda, biri-birine ýüreklerindäki kine hakda gürrüň berenlerinde, biri-birine duýgularyny açanda, ýalňyşlyklaryna toba edenlerinde, şübhelerine ynananlarynda, gorkularyny we ejizliklerini boýun alanlarynda, kömek hem doga etmeklerini soranlarynda başlanýandyr.
Biz käbir ýygnaklarda çyn ýürekden çykýan açyklyga göni garşy bolýan käbir zatlaryň bardygyny görýäris. Şonuň ýaly ýygnaklarda dogruçyllygyň we kiçigöwünliligiň deregine, bizi jögülik, özüňi başga biri ýaly edip görkezmäge synanyşyk, suwasty hile, ýüzleý mylakatlylyk we hiç hili ähmiýeti bolmadyk gürrüňdeşlikler gurşap alýar. Adamlar ýasama perdeleriň aňyrsynda gizlenýärler-de, içki ýagdaýlaryny hiç hili bildirmeýärler hem-de özlerini durmuşy örän gowy ýaly alyp barýarlar. Bu zatlaryň hemmesi islendik hakyky gürrüňdeşlik üçin ölüm bolýandyr.
Ýöne biz çyn gürrüňdeşligi öz durmuşymyz hakda diňe açyk we dogry gürrüň edenimizde ýetip bileris. Mukaddes Kitapda:
Elbetde, bu töwekgelçilikli zat, özem bir wagtyň özünde hem batyrlygy, hem kiçigöwünliligi talap edýär. Munuň üçin biz öz aýbymyzy özümiziň açmakdan gorkmamyzy, özümizi inkär ederler ýa-da ýene göwnümize degerler diýen gorkyny ýeňip geçmeli bolýarys. Munuň ýaly bolsa töwekgelçilik etmek nämä gerek? Sebäbi bu ruhy ösüşe tarap barýan ýeke-täk ýoldur. Mukaddes Kitapda:
Hakyky gürrüňdeşlik ikitaraplaýyn we özara bolýandyr. Ikitaraplaýynlyk — bu bermek hem-de kabul etme sungatydyr. Bu birek-birege bil baglama ukybydyr. Mukaddes Kitapda:
Ýanymyzda beýleki mesihiler hem bolup, goldap dursalar, biz yzygiderli hem hemişelik bolýarys. Mukaddes Kitap bizi ikitaraplaýyn hasabatlylykda bolmaklyga, biri-birimizi ruhlandyrmaga, biri-birimize iki taraplaýyn gulluk etmäge we biri-birimizi sylamaklyga çagyrýar (Rimliler 12:10).
Siz Mesihiň Bedeniniň her bir agzasy
Çyn güürüňdeşlikde biz gynanç hem duýgudaşlyk duýýarys. Duýgudaşlyk bildirmek — bu howul-hara maslahat bermek ýa-da ýüzleý, kosmetiki kömegi teklip etmeklik däldir. Gynanmaklyk — bu beýleki adamyň hasratynyň içinde girip, gynanjyny paýlaşyp bilme ukybydyr. Biz bir adama duýgudaşlyk bildirenimizde, oňa takmynan: «Men seniň şu wagt nähili duýgyny başdan geçirýäniňi bilýärin. Seniň duýgularyň asla birgeňsiligiň ýa-da däliremäniň alamaty däldir» diývän ýaly sözleri aýdýarys. Häzir köpler muny «empatiýa» diýip atlandyrýarlar, ýöne munuň ýaly gatnaşyga Mukaddes Kitapda «duýgudaşlyk» diýilýär. Mukaddes Kitapda:
Duýgudaşlyk we gynanç bildirme: düşünilen bolma talaby we biziň duýgularymyzyň kanunylygyny hem-de ähmiýetini kimdir biriniň ykrar etme talaby ýaly iki fundamental adam talapyny kanagatlandyrýar. Her gezek bir adama düşüneniňizde we onuň duýgularyny kabul edeniňizde, siz çyn gürrüňdeşligi emele getirýärsiňiz. Gep käwagtlar biziň hemme zady tizräk düzetjek bolup howlugyp, duýgudaşlyk bildirmäge-de wagtymyzyň ýetmän galýandygyndadyr. Ýa-da biz öz öýkelerimiz we duýgularymyz bilen gaty gümra bolýarys. Bizdäki öz-özümize bolan nebsiagyryjylyk başga adamlara bolan duýgudaşlygy ýom-ýok edýär ahyryn.
Gürrüňdeşligiň birnäçe derejeleri bardyr. Olaryň her haýsysy öz wagtynda ýerliklidir. Onuň iň ýönekeý görnüşi — bu öz durmuşymyzda bolup geçýän zatlary biri-birimiz bilen paýlaşmakdyr we Hudaýyň Sözüni bilelikde öwrenmekdir. Has çuň gürrüňdeşlik — bu bile işleşip,
Mukaddes Kitap bize:
Hakyky gürrüňdeşlikde biz hem rehim berýaris, hem rehim alýarys. Bu göýberen ýalňyşlyklarymyzy rehimsizlik bilen ýatlatman, gaýtam, ýaralarymyza duz sepmän, günälerimizi bagyşlamaga, olary hemişelik yzda galdyrmaga jan edilýän merhemetli ýerdir. Hakyky gürrüňdeşlik rehimiň adalatlylykdan agdyklyk edýän ýerinde başlanýandyr.
Biziň hiç birimizem özümize rehimdarlyk edilmese halas bolup bilmeýäris, sebäbi hemmämizem büdreýäris, ýykylýarys, ýene-de aýak üstüne galmak üçin kömege mätäç bolýarys. Bize töweregimizdäkilere rehimli daramak we biri-birimizden rehim alyp bilmek gerekdir. Mukaddes Kitapda günä eden adamy
Gürrüňdeşlik bilen bagyşlamaklyk hemişe el tutuşyp ýörýändir. Hudaý bizi
Hudaýyň özümize görkezýän rehimdarlygy bizi-de başgalara şunuň ýaly rehimdarlyk görkezmäge hyjuwlandyrmalydyr. Hudaý sizden hiç haçan hem özüňizi bagyşlanyndakydan köp bagyşlamaklygyňyzy soramaz. Her gezek kimdir biri göwnüňize degende siziň öňüňizde öz ruhy güýjüňizi
Biziň köpimiz özümizi rehim edijilikli alyp barma kararyna gelmeýäris, sebäbi bagyşlama bilen ynanmanyň arasyndaky tapawuda düşünmeýäris. Biz birini bagyşlamak bilen özümizden geçmişi aýryp goýberýäris. Ynanmaklyk bolsa, adamyň geljekde özüni nähili alyp barjakdygy bilen baglanyşyklydyr.
Biz özümizden bagyşlamagymyzy soraýandyklaryna ýa-da soramaýandyklaryna garamazdan derrew bagyşlamalydyrys. Ynanmaklygy bolsa wagtyň geçmegi bilen dikeltmeli bolýar. Adama ýene-de ynanyp başlamak üçin bize oňa hakykatdanam bil baglasa boljakdygyna göz ýetirmek gerekdir. Eger kimdir biri siziň göwnüňize gaýta-gaýta degiberse-de, Hudaý size barybir şol adamy bagyşlamalydygyny aýdar, ýöne bu siziň oňa şol pursatda ynanmalydygyňyzy ýa-da özüňizi täze urgularyň astyna salmalydygyňyzy aňlatmaýar. Göwnüňize degen adam ilki bilen özüniň üýtgändigini size subut etmelidir, ýöne munuň üçin hem barybir wagt gerek bolýar. Ynanmaklygy dikeltmek üçin iň gowy ýer — bu aladaçyl kiçi topar bolýandyr. Ol ýerde diňe bir sizi goldamak bilen çäklenmän, eýsem, işleriňiziň nähili gidýändigi bilen hem gyzyklanýarlar.
Agzalary hakyky gürrüňdeşligiň bolmaklygy üçin jan edýän kiçi toparlara gatnaşmaklyk size başga artykmaçlyklary hem berer. Bu mesihilik durmuşynyň iň möhüm jähtleriniň biridir. Ony deňämizden geçirmek bolýan däldir. Eýýäm iki müňden gowrak döwürden bäri bäri mesihiler gürrüňdeşlikde bolmak üçin kiçi toparlarda bile üýşüşýärler. Eger siz hiç haçan hem şunuň ýaly toparyň agzasy bolup görmedik bolsaňyz, onda nämeden mahrum bolýandygyňyza özüňizem düşünýän dälsiňiz. Indiki bapda biz imanlylaryň arasynda şunuň ýaly gürrüňdeşligi guramak üçin nämäniň talap edilýändigine serederis. Ýöne bu bap hem sizde hakyky gürrüňdeşligiň açyklygynda, iki taraplaýyn gatnaşygynda, duýgudaşlygynda we rehimdarlygynda bolma teşneligini oýarandyr diýip umyt edýärin. Siz hut şonuň üçin hem ýaradyldyňyz.
Oýlanmak üçin hakykat: Men durmuşymda beýleki adamlara mätäç bolýaryn.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Hiç bolmanda ýekeje mesihi bilen hakyky we ýürekdeş derejede gürleşmek üçin men şu gün takyk nahili ädim ädip bilerin?
19-njy gün
Bilelikdäki ýaşaýşy emele getirip
Ýakup 3:18
Resullaryň işleri 2:42
Hakyky gürrüňdeşligi emele getirmek üçin çynlakaý bagyş edilme talap edilýär.
Hakyky gürrüňdeşligi diňe Mukaddes Ruh emele getirip bilýändir, ýöne Ol biziň gelýän kararlarymyzyň üsti bilen hereket edýär. Pawlus:
Gynansak-da, adamlaryň köpüsi sagdyn bolmadyk, disfunksional maşgalalarda önüp-ösendikleri sebäpli, kadaly gürleşmäniň nämedigini asla bilmeýärler. Olarda elementar sosial endikler we ukyplar emele getirilmändir, şonuň üçin olary Hudaýyň maşgalasynyň beýleki agzalary bilen nähili gürleşmelidigini ýörite öwretmeli. Bagtymyza, gatnaşykda bolup, nähili ýaşamalydygy baradaky öwüt-nesihatlar näçe diýseň bar. Pawlus Timoteosa: «…
Eger siz ýüzleýlikden ýadan bolsaňyz, şonuň üçin hem, ýygnagyňyzda ýa-da kiçi toparda açyk ýürekli gürrüňdeşligiň guralmagyna ýardam etmek isleýän bolsaňyz, onda käbir aňsat bolmadyk kararlary kabul etmeli we uly bolmadyk töwekgelçilik etmeli bolýarsyňyz.
Hakyky gürrüňdeşligi guramak üçin dogruçyllyk gerekdir. Eger ýüze çykan oňaýsyzlygy tirzräk ýola goýmak ýa-da haýsy-da bolsa bir meselä eliňizi silkip gitmek isleýän bolsaňyzam, zerury çykanda hakykaty aýdyp bileriňiz ýaly derejä çenli doganlary söýmegi öwrenmeli bolýarsyňyz. Ýanyňyzda ýaşaýan adam öz günäli endikleriniň ýüze çykmagyna ýol berip, özüne ýa-da başgalara zyýan ýetirse-de, sesiňi çykarman ýaşamak, elbetde, aňsatdyr. Käbir adamlaryň ömründe-de ajy hakykaty aýdyp biler ýaly derejä çenli gowy görýän adamy bolmaýar, şonuň üçin olar göni ölüme tarap gitmegini dowam etdirip ýaşaýarlar. Köp ýagdaýlarda biz olara näme diýmelidigini gaty gowy bilýäris, ýöne gaty gorkýarys-da, muny edip bilmeýäris. Köp ýygnaklardaky we kiçi toparlardaky hakyky gürrüňdeşlik diňe gorky bilen kesilýär. Toparyň ýa-da ýygnagyň agzalarynyň biriniň durmuşynyň weýrançylygyň gyrasynda durandygyny hemmeler görseler-de, hiç kim dil ýarma kararyna gelmeýär.
Mukaddes Kitap bize
Köp ýygnaklaryň we kiçi toparlaryň ýüzleý gatnaşyklary saklaýandygynyň sebäbi, jedellerden çekinýändiklerindedir. Her gezek dartgynlylyk ýa-da oňaýsyzlyk döredip biläýjek mesele ýüze çykanda, emeli parahatlyk duýgusyny saklajak bolup, ony ýuwup-ýaýyp goýýarlar. Edil şol pursatda hemme ýere ýetişýän ýaraşdyryjy dogan: «Parahatlygy bozmak gerek däl» diýen şygar bilen peýda bolýar-da, hemmeleriň göwnünden turmaga we olary köşeşdirmäge çalyşýar. Şeýdip, derwaýys mesele çözülmän galýar. Soň hemmelerem gizlin gahar bilen ýaşamaklaryny dowam etdirýärler. Netijede sagdyn bolmadyk atmosfera emele gelýär-de, ol ýerde hemmeleriň biri-birinden gizleýän syry bolýar hem-de gybatçylyk ösýär. Şunuň ýaly ýagdaýda Pawlus iň radikal çözgüdi teklip edip:
Är-aýalyň, dostlaryň, ýygnakdaky doganlaryň arasyndaky hakyky gürrüňdeşlik açyklyga baglydyr. Umuman-a, gapma-garşylyk — bu islendik aragatnaşyklardaky ýakynlyga tarap bolýan ýoldur. Siziň araňyzda suwasty daşlary aýyrmak üçin ýeterlik bolar ýaly söýgiňiz bolýança, hakyky ýakynlyga ýetip bilmersiňiz. Gapma-garşylyklar dogry alnyp barlan ýagdaýynda, öz tapawudymyzyň ýüzüne batyrgaýlyk bilen seredip, öz meselelerimizi çözýäris-de, biri-birimize ýakynlaşýarys. Mukaddes Kitapda:
Dogruçyl hem açyk bolmaklyk islendik wagtda, islendik ýerde kelläňe gelen zatlary aýtmaga özüňe ýol bermekligi aňlatmaýar. Bu gödek gürlemekligi aňlatmaýar. Dünýädäki hemme zatlary öz wagtynda we bolmalysy ýaly etmelidigini Mukaddes Kitap aýdýar (Wagyz kitaby 8:6). Oýlanylman aýdylýan sözler uzak wagtlap bitmeýän ýara salýandyr. Ýygnakda biri-birimiz bilen gowy görüşýän maşgalanyň agzalary kimin gürleşmelidigimizi Hudaý bize buýruk berýär:
Hakyky gürrüňdeşligi döretmek üçin kiçi göwünlilik zerurdyr. Özüň barada ýokary pikirde bolmaklyk, tekepbirlik, kejir ulumsylyk ýaly zatlar gürrüňdeşligi hemme zatdan tiz weýran edýändir. Ulumsylyk adamlaryň arasyna diwar salyp aýyrýandyr. Kiçigöwünlilik bolsa, olaryň arasyna köpriler gurýandyr. Kiçigöwünlilik — bu biziň aragatnaşyklarymyzy ýumşadýan we köşeşdirýän melhemdir. Ýazgy bizi
Munuň näme üçin şeýledigi edil şu aýadyň ahyrynda:
Kiçigöwünliligimize galmanyň juda praktiki we takyk usullary bardyr. Bu öz ejizligiňi boýun almakdyr, başga adamlaryň ejizliklerine sabyrlylyk bilen garamakdyr, tankydy açyk kabul etmek hem-de beýlekileri özüňden wajybrak we ýokarrak saýmakdyr. Pawlus:
Kiçigöwünli bolmak özüň barada erbet pikir etmekligi aňlatmaýar. Bu özüň hakda azrak pikirlenip, başgalar hakda köpräk pikirlenmegi aňladýar. Kiçigöwünli adamlar başgalara edýän hyzmatlary bilen şeýle gümra bolýarlar-da, özlerini ýatdan çykarýarlar diýen ýaly bolýar.
Hakyky gürrüňdeşligi guramak üçin hormatlylyk bilen takt gerekdir. Mylakatlylyk — bu öz tapawutlylygymyza hormat goýmakdyr, pikirde ylalaşmaýan adamymyza hormat goýmakdyr, gaharymyzy getirýän adamlara sabyrly bolmakdyr. PawlusTitusa:
Her ýygnakda-da, kiçi toparda-da hiç bolmanda ýekeje sany «kyn» adam tapylýar (adatça olar ondan köp bolýarlar). Munuň ýaly adamlar aýratyn emosionallylygy, gaharjaň endikleri we hereketleri ýa-da birmeňzeş bolmadyk sosial hereketleri bilen tapawutlanyp bilerler. Eger isleseňiz munuň ýaly adamlar «Aýratyn Merhemeti Talap edijiler» razrýadyna degişlilerdendir.
Hudaý olary olaryň bähbidi üçin ýerleşdirişi ýaly, siziň bähbidiňiz üçin hem ýerleşdirdi. Olar ösüş üçin mümkinçilik döredýär we siziň gürrüdeşligiňiziň hilini synaýarlar. Olary hakyky doganlarymyz hökmünde söýüp, goýmalysy ýaly hormat bilen seredip bilerismi?
Biz maşgalada biri-birimizi öwşün atyp duran aklyň, ukybyň ýa-da keşbiň esasynda kabul etmeýäris. Biziň biri-birimizi kabul edýändigimiziň sebäbi, biri-birimize degişlidigimizdedir. Biz öz maşgalamyzy goraýarys we gözegçilik edýäris. Ýakynlarymyzyň biriniň gelmeli-gitmeli bolmagy-da ahmal, ýöne ol şonda-da biziňki, barybir özümiziňki bolýar. Mukaddes Kitaba laýyklykda bizem
Dogrusyny aýtsak, biziň her birimizde-de öz birgeňsiligimiz we töweregimizdäkileriň gaharyny getirýän endiklerimiz bardyr. Ýöne birlik jemgyýeti iki taraplaýyn gabat gelmeklikde gurlan däldir. Mesihilik gatnaşygynyň esasy Isa Mesih bilen gatnaşyklar bolup durýandyr. Biz — maşgaladyrys.
Mylakatlylygyň syrlarynyň biri-de, adamyň özüni näme üçin başgaça däl-de, şunuň ýaly alyp barýandygyna düşünmekdir. Onuň geçmişini bilmeklige synanyşyň. Onuň başyna ne günleriň düşendigini gören badyňyza, siz derrew oňa geçrimliräk seredip başlarsyňyz. Oňa ýene-de näçe köp zady öwrenmeli boljakdygynyň pikirini etmegiň deregine, gowusy özüniň geçmişine garamazdan, şeýle köp zatlara ýetip bilendiginiň pikirini ediň.
Mylakatlylygyň ýene bir düzüm bölegi — bu başganyň şübhesiniň ähmiýetini we çynlakaýlygyny kiçeltmezlikdir. Hatda özüňiz hiç haçan hem hiç hili gorkyny başdan geçirip görmedik bolsaňyzam, bu entek munuň ýaly duýgularyň güýçsüzdigini ýa-da esassyzdygyny aňlatmaýar. Hakyky gürrüňdeşlik adamlar özleriniň şübhelerini we gorkularyny arkaýyn paýlaşyp biljekdigine, şonda ýazgarylmajakdygyna göz ýetirenlerinde başlanýar.
Hakyky gürrüňdeşligi guramak üçin ýaşyrynlyk gerek. Diňe dostlukly kabul etmäniň howpsuz atmosferasynda, ynamlylykda we ýaşyrynlykda adamlar biribirine ýüreklerini açyp, çuň we pynhan öýkeleri, mätäçlikleri, ýalňyşlyklary hakda gürrüň ederler. Ýaşyrynlygy saklamak bir dogan günä edende, muňa sesiňi çykarmazlygy aňladýan däldir. Bu toparyň içinde aýdylan zatlaryň onuň çäklerinden çykmäly däldigini, toparyň agzalarynyň şol meseläni bosagadan aňyrda çözmelidiklerini aňladýar.
Hudaý gybaty ýigrenýändir. Ylaýta-da gybaty şol ýerde ýok bolan adamyň doga mätäçligi hökmünde getirenlerinde Hudaý muny ýigrenýär. Ol
Hakyky umumylygy döretmek üçin ýygy-ýygydan bolýan gürrüdeşlik talap edilýär. Öz toparyňyzyň içinde hakyky berk gatnaşyklary gurmak üçin size ýygy-ýygydan we yzygiderli gürrüňdeş bolup durmak
Gürrüňdeşlik amatlylyk (men islän wagtymda ýygnanyşarys) prinsipleriň däl-de, men özümiň ruhy saglygym üçin oňa mätäçdirin diýen pikiriň üstünde gurulýandyr. Hatda islemeýan wagtymyzda-da duşuşmalydyrys, sebäbi biz mesihilik gürrüňdeşliginiň wajypdygyna ynanýarys. Ilkinji mesihilier bilelikde her gün ýygnanyşypdyrlar. Olar
Eger siz kiçijik topara eýýäm girýän bolsaňyz, onda men siziň toparyňyzyň agzalaryna hakyky gürrüňdeşligiň dokuz bölegine özlerini bagyş edip, biri-biri bilen äht baglaşmaklyga çagyrýaryn: Biz özümiziň çyn duýgularymyzy (
Eger hakyky gürrüňdeşligiň sanalyp geçilen alamatlaryna seretsek, onuň näme üçin seýrek duş gelýändigi düşnükli bolýar duruberýär. Sebäbi onuň üçin durmuşymyzy baglanyşdyryp, biziň diňe özümiz hakda pikir edip, öz aladamyzy etmegimizi bes etmegimiz gerek, öz garaşsyzlygymyzdan ýüz öwrüp, biri-birimize daýanyp başlamagymyz gerek. Ýöne munuň ýaly birligiň
Oýlanmak üçin hakykat: Hakyky gürrüňdeşligi gurmak üçin çynlakaý bagyş edilme talap edilýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Öz kiçi toparymda ýa-da ýygnagymda hakyky gürrüdeşligiň jähtleriniň hiç bolmanda birini saklar ýaly, eýýäm şu gün näme edip bilerin?
20-nji gün
Weýran edilen gatnaşyklary dikeldip
2 Korintoslylar 5:18
Bozulan gatnaşyklary dikeldeniňe degýändir.
Bütin durmuşy söýmegi öwrenmekden ybaratdygy sebäpli, Hudaý biziň adamlar bilen aragatnaşyklarymyzyň gadryny bilmegimizi, her gezek aýrylma, öýke ýa-da dawa ýüze çykanda olaryň üstüne atanak çekmän, gaýtam, saklamak üçin tagalla baryny etmelidigimizi isleýär. Mundan başga-da, Mukaddes Kitapda Hudaýyň özümize bozulan gatnaşyklary dikeltme gullugyny ynanandygy aýdylýar (2 Korintoslylar 5:18). Täze Ähtiň aglaba böleginiň biri-birimiz bilen parahatlykda we ylalaşyklykda nädip gatnaşmalydygymyza bagyşlanandygy tötänden däldir. Resul Pawlus:
Mesih Öz maşgalasynyň agzalaryny öz aralarynda söýgi boýunça tanamaklaryny isleýär. Mesihileriň arasyndaky bozulan gatnaşyklar bolsa, munuň tersine bolan zatlara şaýatlyk edýär-de, ýygnagy biabraý edýär hem imansyzlar tarapyndan ýygnaga sarpa goýulmazlyga alyp barýar. Ine, näme üçin Korintosdaky ýygnagyň iki sany duşmançylykly topara bölünendigi, hatda biri-birlerini suda-da berendikleri resuly utandyrýar. Ol:
Eger siz öz durmuşyňyzda Hudaýyň ak patasyny duýasyňyz gelýän bolsa, töweregiňizdäkileriň özüňizde Hudaýyň çagasyny görmegini isleýän bolsaňyz, onda size Mesihiň parahatçylygy dörediji adamy bolmagyňyz gerek. Isa:
Biziň Hudaýyň maşgalasynyň bir bölegi bolmak üçin ýaradylandygymyz sebäpli, ýerdäki durmuşymyzyň ikinji maksady adamlary söýmegi öwrenmekden we olar bilen hakyky gatnaşykda bolmakdan ybaratdyr. Parahatçylygy dikeldip bilme ukyby bolsa, edinip bolunjak ukyplaryň iň zerurydyr. Gynansak-da, biziň köpimiz hiç haçan hem dawany çözme sungatyny öwrenip bilmeýäris.
Parahatçylyga tarap jan etmeklik dawa-jenjelden gaça durmany aňladýan däldir. Kynçylyklardan gaçmaklyk, edil kynçylyk ýok ýaly bolup hereket etmeklik ýa-da ol barada gürrüň etmekden gorkmaklyk hakyky gorkaklykdyr. Dünýäniň Hökümdary Isa dawa-jedellerden hiç haçan hem gorkmandyr. Onuň dawalary umumy bähbidiň hatyrasyna öjükdiren wagty hem bolýardy. Käwagt bize dawadan çekilmek gerek bolýar, käwagt bolsa, dawany özümiz döretmeli bolýarys, käwagt hem çözmeli bolýarys. Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasyny sorap doga etmek, ine, näme üçin möhüm zat eken.
Ýaraşjak bolup dyrjaşmaklyk
ARAGATNAŞYKLARY NÄDIP DIKELTMELI
Hudaý bizi, mesihileri,
Adam bilen gürleşmeziňizden öňürti Hudaý bilen gürleşiň. Hudaý bilen ýüze çykan kynçylyk hakynda gürrüň ediň. Eger bolan zatlar barada üçünji biri bilen gybat etmegiň deregine ilki bilen bu zatlar üçin doga etseňiz, onda Hudaýyň ýa-ha öz ýüregiňizi üýtgedişini ýa-da araňyzda jedeliňiz bolan adamyňyzy siziň kömegiňizsizem düzedişini görersiňiz. Eger aragatnaşyklarymyz üçin köpräk doga etsek, olar has parahatçylykly bolar.
Birwagtlar mezmurçy Dawudyň edişi ýaly edip,
Köp dawalaryň düýbünde kanagatlandyrylmadyk talaplar aýtýandyr. Şol talaplaryň köpüsini diňe Hudaý kanagatlandyryp bilýär. Dize Hudaýyň kanagatlandyryp bilýän zatlaryny adamlardan — dostlarymyzdan, ýanýoldaşymyzdan, başlygymyzdan ýa-da maşgala agzalarymyzdan — talap etmek bilen biziň özümiz lapykeçligi we öýkäni satyn alýarys. Biziň mätäçliklerimizi kanagatlandyrmaga ýekeje adam hem ukyply däldir. Muňa diňe Hudaý ukyplydyr.
Resul Ýakup biziň dawa-jenjellerimiziň köpüsiniň az doga edýändigimiz sebäpli ýüze çykýandygyny belläp:
Inisiatiwany hemişe öz üztüňize alyň. Siziň haýsyňyzyň öýkelän, haýsyňyzyň öýkeledilendigiňiziň tapawudy ýok. Hudaý siziň ýaraşmaklyga tarap ilkinji ädimi ätmegiňize hemişe garaşýar. Başga tarapdan inisiatiwa garaşmak gerek däldir. Şol adamyň ýanyna ilki bolup siz baryň. Kesilen gatnaşyklary dikeltmek diýseň wajypdyr. Isa muny Hudaýa sežde etmäge gitmezden öň etmekligi tabşyryk berip:
Gatnaşyklar dartgynlaşanda ýa-da kesilip başlanda, derrew parahatçylykly gürrüňdeşliklere başlamagy planlaşdyryp başlamak gerek. Olary soňa goýmak, bahana oýlap tapmak ýa-da «Haçan hem bolsa bir wagt munuň bilen meşgullanaryn» diýip wada bermek gerek däldir. Şol adam bilen mümkin boldugyça tiz ýüzbe-ýüz duşuşmaga çalşyň. Soňa goýmaklyk diňe öýkäni çuňlaşdyrýar we ýagdaýlary erbetleşdirýär. Eger dawa-jenjel çözülmän şol durşuna galsa, onda wagt hiç zady hem bejerip bilmez-de, diňe düşen ýarany azdyrar.
Bu zatlaryň hemmesinden-de başga, tiz hereketler özüňiziň ruhy zeleliňizi azaldar. Çözülmedik dawalaryň diňe bir ýakymsyz emosiýalaryň akymyny getirmän, eýsem, Hudaý bilen gatnaşyklarymyza-da päsgel berýär welin, biz öz dogalarymyza-da jogap alyp bilmeýaris (1 Ýahýa 4:22–21, 1 Petrus 3:7). Eýýuba dostlary:
Parahatçylykly gepleşikleriň üstünligi köplenç gepleşikleri geçirmek üçin dogry saýlanylan ýere we wagta bagly bolýan ýerleri-de bolýar. Siziň briňiz bir ýere howlugýan bolsa, özüni ýadaw duýýan ýa-da gepleşikleriňiziň arasyny kimdir biriniň üzjekdigini bilýän bolsa, onda duşuşmak gerek däldir. Munuň ýaly güürüňdeşlik üçin adamlaryň ikisiniň hem keýpiniň gowy wagtyny saýlamak paýhaslylyk bolar.
Beýlekiniň duýgusyna duýgudaşlyk hem düşünmeklik bilen garaň. Bu diňlemegiň gürlemekden köpräk gerekdigini aňladýar. Agzalalygyňyzy çözmäge synanyşmazyňyzdan öňürti, biri-biriňizi diňläp, duýgularyňyza düşünmelisiňiz. Pawlus:
Iň başyndan beýleki adamlaryň duýgularyny ret etmäge we olaryň duýgularynyň esassyzdygyny we hiç zada gabat gelmeýändigini aýtmaga çalyşmaň. Diňe gulak asyň. Olaryň ymykly goraga başlaman, içini dökmegine, kalbyndaky emosiýalaryny taşlamagyna mümkinçilik beriň. Onuň aýdýan zatlary bilen ylalaşmaýan bolsaňyz hem, düşünýändigiňiziň alamaty hökmünde kelläňizi atyň. Duýgy hemişe hakyky hem logiki bolup durmaýar. Gaýtam, öýke bize paýhassyz hereketleri etmäge we durşuna biderek zatlaryň pikirini etmäge mejbur edýär. Dawut:
Mukaddes Kitap munuň tersine:
Bozulan gatnaşyklary dikeltmek üçin
Dawa-jenjeldäki öz paýyňyzyň bardygyny-da boýun alyň. Eger siz haýsy-da bolsa bir gatnaşygy dikeltmäniň ýoluna ymykly düşen bolsaňyz, onda ilki bilen öz ýalňyşlyklaryňyzy hem günäleriňizi boýun alyň. Diňe şunuň ýaly etmek bilen ýagdaýy özüniň hakyky nurunda görüp biljekdigimizi Isa Mesih aýdýar.
Biziň her birimizde-de «kör tegmiltleriň» bardygy sebäpli, dawa ikinji gatnaşyjy bilen gürrüňdeşlige başlamazyňyzdan ozal, siziň özüňizi alyp barşyňyza paýhasly baha berip biläýjek üçünji bir adamyň gatnaşmagynyň gerek bolmagy hem mümkindir. Mundan başga-da, dawadaky günäniň näçeräk böleginiň özüňize degişlidigini görkezmegini Hudaýdan soraň. Ondan: «Belki, belanyň körügi mendedir? Belki, edepsizlik ýa-da aşa duýgurlylyk görkezip, men bolmajak zady talap edendirin?» diýip soraň. Mukaddes Kitapda:
Çyn ýürekden toba etmeklik — bu ýaraşmaga ýardam edýän kuwwatly güýçdir. Köp ýagdaýlarda biziň dawany çözme usulymyz ýagdaýy has-da çişirýär-de, öňki öýkeleri güýjedýär. Ýöne gürrüňi öz günaňizi boýun almakdan başlanyňyzda, derrew gürrüdeşiňiziň gahary ýatyşýar-da, oňa şondan soň siziň üstüňize aýyplama bilen hüjüm etmek gerek bolmaýar, sebäbi ol siziň diňe goranaryňyza garaşypdy ahyryn. Özüňizi aklamak ýa-da günäni başga biriniň üstüne ýüklemek gerek däldir. Gowusy ýüze çykýan jedelde özüňiziň näderejede günäkär bolandygyňyzy boýun alyň.Ýalňyşlyklaryňyz üçin jogapkärçiligi öz üstüňize alyň-da, ötünç soraň.
Adamyň üstüne hüjüm etmän, mesele bilen meşgullanyň. Eger diňe kimiň günäkärdigini aýdyňlaşdyrmaga özelenip dursaňyz, siz meseläni çözüp bilmersiňiz. Bularyň haýsy hem bolsa birini saýlaň. Süleýmanyň pähimleri kitabynda:
Gahar size bolan zat barada näme pikir edýändigiňizi bolmalysy ýaly düşündirmäge päsgel berer. Şonuň üçin aýtjak sözleriňizi gowuja ölçerip döküň. Ýumşak, mylaýym jogap hemişe-de ýaralaýjy içýakgyç sözlerden gowudyr.
Jedeli çözenimizde biziň diňe bir näme gürleýändigimiz däl-de, nähili gürleýändigimiz hem wajypdyr. Eger öz pikirlerimizi kemsidiji äheňde aýtsak, onda söhbetdeşimiz hökman goranyp başlar. Hudaý:
Sowuk uruş döwründe iki tarap hem ýaragyň käbir görnüşlerini hiç haçan ulanmaly däldigi barada ylalaşýarlar, sebäbi şol ýaraglaryň kuwwatly weýran edijilikli güýji bolýar. Bu günki günde himiki we biologiki ýaraglar gadagan edildi. Ýadro ýaragyny toplamaklyk ýuwaş-ýuwaşdan ýol edilip barýar. Siz hem gatnaşygy saklamanyň hatyrasyna islendik gatnaşyklar üçin howply bolan öz arsenal ýaragyňyzy ýok etmelisiňiz. Munuň ýaly ýaraga ýazgarma, kemsitme, adamy başga biri bilen deňeşdirme, töhmet atma, ynjytma, ulumsylyk bilen barlyşyk etme we içýakgyçlyk girýändir. Biri-biriňizi söz bilen öldürmänem jedelleşip bolar. Pawlus bu prinsipi Efeslilere hatda jemläp:
Mümkin boldugyça hyzmatdaşlyk etjek boluň. Pawlus:
Basyşy doly aradan aýyrmaklyga däl-de, ýaraşmaklyga ediň. Adamlardan hemişe we hemme zatda biri-birleri bilen ylalaşmagyny talap etmeklik paýhaslylyk we real zat däldir. Ýaraşma aragatnaşyklara basyş edýär. Haýsydyr bir çözgüde ýetmeklik bolsa, esasy ünsi meseläniň özüne gönükdirýär. Biz hemme zatdan öňürti gatnaşyklar barada aladalansak, meseleler öz ähmiýetini ýitirýär-de, köplenç ähmiýetsiz bolup galýarlar.
Eger eglişige ýetilmese-de, gatnaşyklary dikeltmek mümkindir. Mesihiler köplenç dürli, onda-da, doly esasly garaýyşlaryň tarapynda bolýarlar, ýöne şahsy öýkäňden we kinäňden ýekeje ädim hem süýşmän, öz pikiriňde galmak hem mümkin ahyryn. Eger dürli tarapdan seretseň, onda şol bir göwher her dürli görünýär. Hudaý bizi bir dürlülige däl-de, birlige çagyrýar. Meselelere birmeňzeş seretmesegem, biri-birmiziň elimizden tutup, bile ýöräp bileris.
Bu umumy çözgüt gözlejek hem bolman, hemme zada eliňi salgap goýbermelidigini aňlatmaýar. Belki, munuň üçin siz şondan soňam gürleşmeli, hatda jedelleşmeli hem bolarsyňyz, ýöne muny parahatçylyk we ylalaşyklyk ruhunda etmelisiňiz. Ýaraşmak bilen biz «uruş paltasyny gömýäris», ýöne palta bilen bilelikde jedelli soraglaryň hem hemmesini gömmek hökman däldir.
Bu baby okanyňyzdan soň, kim bilen gürleşmegiň gerekdigi hakda pikirleniň. Size nähili aragatnaşyklary dikeltmek gerek? Indi ýekeje sekunt hem eglenmäň. Edil häziriň özünde hemme zady gyra goýuň-da, Hudaý bilen şol adam hakda gürleşiň. Soň bolsa telefon trubkasyny alyň-da, ýaraşyk prosesine başlaň. Bu ýedi ädim örän ýönekeýdir, ýöne bulary etmek aňsat däldir. Bozulan gatnaşyklary dikeltmäge gaty köp tagalla gerek bolýar. Resul Petrus bizi
Oýlanmak üçin hakykat: Aragatnaşyklary dikeldeniňe hemişe-de degýändir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Bozulan gatnaşyklary dikeltmäge eýýäm şu gün maňa näme etmek gerek?
21-nji gün
Ýygnagyňy aýap saklap
Efesliler 4:3
Koloseliler 3:14
Öz ýygnagymyzdaky birligi saklamaklyk biziň borjumyza girýändir.
Ýygnakdaky birlik şeýle bir wajypdyr welin, Täze Äht oňa hatda Gökler we dowzah baradaky taglymatdan-da köp üns berýär. Hudaý biziň aramyzda
Birlik — bu hakyky gürrüňdeşligiň esasydyr. Ony bozsaňyz, Mesihiň Bedeninden ýüregini sogrup alýansyňyz. Birlik bilelikdäki durmuşyň özenidir. Hudaý şony ýygnakda biziň aramyzda görmek isleýändir. Şunuň ýaly birligiň baş göreldesi Hudaýyň Üçbirlikdäki birleşmesidir. Ata, Ogul we Mukaddes Ruh bir bitewilikde biri-biri bilen doly baglanyşyklydyr. Pida edijilikli söýginiň, diňe öz nepiňi gözlemezligiň we kämil ylalaşygyň beýik derejede nähili bolmalydygyny Hudaýyň Özi görkezýär.
Beýleki islendik ene-ata bolşy ýaly, Gökdäki Atamyza-da, çagalary öz aralarynda ylalaşyp ýaşamagy diýseň ýaraýar. Isa tussag edilmeziniň öň ýanynda Atasyna Öz şägirtleriniň arasynda birlik bolmagy üçin yhlas bilen doga edýär (Ýahýa 17:20–23). Hatda şu hasratly pursatlarda-da imanlylaryň birligi Onuň baş aladasy bolýar. Ine, birlik näderejede wajyp eken.
Hudaý üçin ýygnakdan gymmat zat ýokdur. Ol ýygnak üçin bahasyna ýetip bolmajak tölegi töledi, şonuň üçin ýygnak özüni aýap saklanyňa, ylaýta-da agzalalygyň, jedelleriň we bölünişigiň weýran edijilikli täsirinden goranyňa degýändir. Eger siz Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolsaňyz, onda özüňiziň degişli bolan ýygnagyňyzyň birligini gorama jogapkärçiligi siziň üstüňize düşýändir. Imanlylaryň arasynda birligi saklamak, gatnaşygy goramak we ylalaşygyň bolmagyna ýardam etmek üçin eliňizden gelenini etmekligi size Isa Mesih tabşyrdy. Mukaddes Kitapda:
Tapawut gözlemäň-de, özümizi birikdirýän zatlara serediň. Pawlus biziň
Biziň hemmämizi birmeňzeş edip Hudaýyň züniň ýaratmandygyny hem ýadymyzda saklamagymyz gerekdir. Şuňa görä-de, aramyzdaky tapawutlaryň gadryny bilmelidiris, olara şatlanmalydyrys-da, biri-biimize diňe çydam edip ýörmeli däldiris. Hudaý biziň aramyzda birmeňzeşlik däl-de, birlik görmek isleýär. Şonuň üçin hem, biz ähmiýetsizje tapawutlaryň gatnaşyk saklaýan ýolumyzda durup, özümizi aýyrmagyna ýol bermeli däldiris. Biz Hudaýyň özümiz we Öz Ýygnagy üçin bellän umumy maksatlaryndan, ýagny biri-birimizi Mesihiň özümizi söýşi ýaly söýmegi öwrenmek, Hudaýyň özümiz we Öz Ýygnagy üçin niýetlän bäş jähtimi ýerine ýetirme ýaly maksatlaryndan gözümizi aýyrmaly däldiris.
Adatça jedelleriň köplügi biziň ünsümiziň ähmiýeti az bolan meselelerde, Mukaddes Kitabyň
Öz garaşýan zatlaryňyzyň we talaplaryňyzyň real bolup galmagyna gözegçilik ediň.
Imanlylar size hökman gazaply lapykeçlik getirerler we bir gezek ýüň sakgal edip hem goýmazlar, ýöne bu entek olar bilen gatnaşygy bes etmek üçin bahana däldir. Olaryň edýän hereketleri boýunça şeýledir öýtmeseňizem, olar siziň maşgalaňyzyň agzalarydyrlar, şonuň üçin hem yzyňa öwrülip gidibermek gerek däldir. Munuň ýaly etmegiň deregine Hudaý bizi
Adamlar ýygnakda köp düşnükli sebäplere görä lapykeç bolýarlar. Olary uzak wagtlap sanamak mümkindir. Olar jedeller, öýke, ikiýüzlülik, adamlary äsgermezlik etmeklik, ownukçyllyk, kanunçylyk we beýleki günälerdir. Gaharly haýran galmanyň içinde yraň atyp durmanyň deregine, ýygnagyň barypýatan günäkärlerden (bizem şolaryň soňkusy däldiris) ybaratdygyny ýada salmagymyz gerekdir. Biz günäkär bolandygymyz sebäpli, biri-birimiziň göwnümize degýäris, käwagt muny bilgeşleýin hem edýäris, käwagt hem düşünmän edýäris. Şeýle-de bolsa, ýygnakdan gidibermäniň deregine, biz onuň içinde galyp, ýüze çykan kynçylyklary mümkin boldugyça çözmelidiris. Berk häsiýete we çuň gürrüňdeşlige tarap barýan ýol gaçmaklygyň üstünden däl-de, ýaraşmanyň üstünden geçýändir.
Ilkinji lapykeçlikde we illýuziýalaryň weýran bolmasynda ýygnak bilen aýrylyşmak kämil dällikden gürrüň berýändir. Hudaý size we galanlaryň hemmesine-de köp zatlary öwretmek isleýär. Mundan başga-da, nirä barsaňyzam, ideal ýygnagy tapyp bilmersiňiz, munuň ýaly ýygnak ýokdur. Her ýygnagyň ejizliklerden we kynçylyklardan düzülen öz çemeni bardyr. Siz nirä barsaňyzam, size tiz gelýän lapykeçlik garaşýandyr.
Grauço Marks degşip, özüni agzalyga kabul etmek isleýän klublaryň hemmesine-de goşulmak isleýändigini aýdýar. Eger ýygnak siziň talaplaryňyzy kanagatlandyrmak üçin ideal ýygnak bolmaly bolsa, onda onuň kämilligi siziň ýygnak agzasy bolma mümkinçiligiňizi aradan aýyrmaly bolýar, sebäbi siz bigünä dälsiňiz!
Milletparazlara garşylyk görkezendigi üçin ejir çekip ölen nemes ruhy çopany Ditrih Bonhýoffer ýygnakdaky gatnaşyklara bagyşlanan «Bile ýaşamak» atly klassik kitabyny ýazýar. Ol bu itabynda ýerli ýygnakdan göwnüň galmagynyň peýdalydygyny ýazýar, sebäbi ol biziň kämillige bolan ýalan umytlarymyzy ýok edýär. Diňe birkemsiz ýygnagy hakyky söýgi bilen söýmeli diýen illýuziýadan näçe tiz el çeksek, şonça-da tiz perwaýsyzlygymyzy bes edip, biziň hemmämiziňem günäsiz däldigimizi hem-de merhemete mätäçdigimizi boýun alarys. Bu hem hakyky gürrüňdeşligiň başlangyjydyr.
Aslynda her ýygnak girelgesiniň agzynda: «Günäsizlere bize ýüz tutmazlygy haýyş edýäris. Diňe öz günäsini boýun alýan, merhemete mätäç bolan we ösmek isleýän adamlar çagyrylýar» diýen bildirişi asyp goýup hem bilerdiler.
Bonhýoffer şeýle ýazypdyr: «Öz arzuwyny mesihilik birliginden ileri tutýan adam islendik mesihilik jemgyýetiniň dargadyjysy bolup biler... Biz içine giren mesihilik jemgyýetimiz, şol sanda uly tejribesi, göze görnüp duran baýlygy bolman, eýsem, diňe birgiden ejizligi, az imanlylygy we kynçylygy bolan ýer üçin hem her gün minnetdarlyk bildirýärismi? Eger biz garyplyk, hemme zadyň tamamyzy ödemeýändiginden Hudaýa arz edip ýörýän bolsak, onda Hudaýa öz ýygnagymyzyň ösüşini goldamaklyga päsgel berýäris».
Tankyt etmeklige däl-de, ruhlandyrmaga çalşyň. Umumy işe goşulyp, oňa öz goşandyňy goşmanyň deregine, gulluk etjek bolýanlaryň adyna tankydy bellikleri aýdyp, gyrada seredip durmak hemişe-de aňsatdyr. Biziň biri-birimizi ýazgarmaly, tankytlamaly däldigimizi ýa-da birini başga biri bilen deňeşdirmeli däldigimizi Hudaý gaýta-gaýta aýdýar (Rimliler 14:13, Ýakup 4:11, Efesliler 4:29, Matta 5:9). Bir mesihiniň öz halal pikirlerine eýerip, imanda edýän zatlary hakda tankydy tarapdan seslenmek bilen Hudaýyň Özüniň işine soralmasa-da burnumyzy sokýarys.
Pawlus eger nukdaýnazarlarymyz çapraz gelse, onda beýleki mesihileri ýigrenmeli ýa-da ýazgarmaly däldigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirýär.
Her gezek imandaky doganymy ýazgaran pursatymda dört ýagdaý bolup geçýär. Şonda men Hudaý bilen gatnaşygymy ýitirýärin, tekepbirligimi we özüme bolan ynamsyzlygymy görkezýärin, özümi Hudaýyň höküminiň astyna salýaryn we ýygnakdaky gatnaşyga zelel ýetirýärin. Ýazgaryjy, tankyt ediji ruh juda gymmat düşýän günädir.
Mukaddes Kitap şeýtany
Gybat diňlemekden çürt-kesik ýüz öwrüň. Adam haýsydyr bir meseläniň sebäbine we çözgüdine dähylly bolmandygy sebäpli, şol mesele baradaky maglumatlary başga birine aýdanda gybat edýändir. Biz gybat ýaýradyp ýörmäniň gowy zat däldigini bilýäris. Eger siz öz ýygnagyňyzy goramak isleýän bolsaňyz, onda olary
Biri gybat edip başlan wagty, batyrgaýlyk ediň-de: «Haýyş edýärin, bes ediň. Muny bilmek maňa asla gerek däl. Sen şol adam bilen göni gürleşdiňmi?» diýiň. Gelip, size gybat aýdýan adam özüňiz barada-da arkaýyn gybat edip ýörýändir. Oňa ynanmak bolýan däldir. Gybat diňleýän adamlary bolsa Hudaý «hilegär erbet kişi» diýip atlandyrýandyr (Süleýmanyň pähimleri 17:4, 16:28, 26:20, 25:9, 20:19).
Iň gynandyryjy zat Hudaýyň sürüsine iň çuň ýarany möjekleriň däl-de, öz goýunlarynyň salýandygyndadyr. Pawlus bize
Hudaýyň dawalary çözme usulyny ulanyň. Öňki bapda sanalyp geçilen prinsiplere goşundy hökmünde Isa Öz ýygnagyna dawalary çözmegiň üç ädimden ybarat bolan ýönekeý prosesini düşündirip:
Dawa ýüze çykan wagty, göwnüňe degýän adama batyrgaýlyk hem söýgi bilen hakykaty aýtmanyň deregine, hemişe üçünji biriniň ýanyna baryp, arz edesiň gelýär. Munuň ýaly hereketden ýaňa ýagdaýlar diňe erbetleşýär. Aslynda siz göni gaharlanan adamyňyzyň ýanyna barmalysyňyz.
Hemişe ilkinji ädilen ädim ýüzbe-ýüz gürleşmek bolup durýandyr. Muny mümkin boldugyndan tiz etmäge çalyşmalydyr. Eger ýüze çykan agzalalygy ikiňiz çözüp bilmeseňiz, onda muňa meseleleriň bardygyny tassyklar hem-de ýaraşmaga kömek eder ýaly, birnäçe şaýady-da goşmalydyr. Eger göwnüňize degen adam kejirlik edip, hiç zady üýtgedesi gelmeýän bolsa näme? Isa bize hemme zady ýygnaga aýtmaklygy tabşyrdy. Eger ol şonda-da diňlemek islemese, onda biz oňa imansyz adam hökmünde garamalydyrys (Matta 18:17, 1 Korintoslylar 5:5).
Öz ruhy çopanyňyzy we liderleriňizi goldaň. Birkemsiz lider bolýan däldir, ýöne Hudaý hut şolaryň üstüne hem, ýygnakdaky birligi saklama jogapkärçiligini we ygtyýaryny şolaryň üstüne ýükleýär. Ýygnakda dawa ýüze çykanda, biri-birine garşy bolan taraplary ýaraşdyrmaklyga şol liderler jan etmelidirler. Kemsidilen, sögüşilen, ruhy taýdan kämil bolmadyk agzalaryň arasynda araçy bolma ýaly agyr hem gadry bilinmeýän hyzmat köplenç ruhy çopanlaryň üstüne düşýär. Mundan başga-da, käwagt biz olara
Mukaddes Kitap özümize gulluk edýänlere nähili garamalydygymyz babatda bize örän aýdyň nesihatlary berip:
Günleriň birinde ruhy çopanlaryň hemmesi-de, siziň abadançylygyňyzyň aladasyny nähili edendiklerini hasabat bermek üçin Hudaýyň öňüne bararlar.
Ýygnakda bölünişik we agzalalyk döredýän adamlara ruhy çopanlaryň nä hili daramalydygy dogrusynda Mukaddes Kitapda örän takyk görkezmeler berlendir. Ruhy çopanlar sögüşmeden gaça durmalydyrlar. Ýygnagyň garşydaşlykda bolan agzalaryna kiçigöwünlilik bilen düşündirmelidirler. Olaryň üýtgemegi üçin hemişe doga etmelidirler. Jedel döretmegi gowy görýänlere duýduryş bermelidirler, hemmeleri ylalaşyga we birlige çagyrmalydyrlar. Ýygnak liderlerine sylaşyksyz garaýanlary paş etmelidirler. Eger iki gezekki duýduryşa gulak asmasa, onda dawa turuzýanlary ýygnakdan aýyrmalydyrlar (2 Timoteos 2:14, 23–26, Filipililer 4:2, Titus 2:15–32, 10–11).
Bize ýol görkezip, özümize gulluk edýän adamlara hormat bilen seredenimizde, öz ýygnagymyzy goraýarys. Ruhy çopanlara we beýleki liderlere biziň goldawymyz, dogalarymyz, söýgimiz we öz zähmetine ýokary baha berýändigimize düşünmek gerekdir. Ine, bize näme tabşyryk berlipdir:
Men sizi ýygnagyňyzdaky birligi saklama we döretme borjuny öz üstüňize almaklyga çagyrýaryn. Bu işe öz güýjüňiziň baryny gönükdiriň, şonda Hudaý sizden hoşal bolar. Käwagt size aňsat düşüp durmaz. Käwagt özüňize gowy bolmagy üçin däl-de, başgalaryň mätäçliklerini öňe sürüp, Mesihiň bütin Bedeni üçin iş etmeli bolarsyňyz. Bu Hudaýyň biziň her birimizi ýygnakda ýerleşdirmeginiň sebäpleriniň biridir. Ol bize öz bähbidiňi gözlemezligi we başgalaryň aladasyny etmekligi öwretmek isleýär. Biz mesihilik jemgyýetinde «men» däl-de, «biz», «meniňki» däl-de, «biziňki» diýmekligi öwrenýäris. Hudaý:
Hudaý birlikde we ylalaşyklykda ýaşaýan ýygnaklara ak pata berýär. «Seddlbek» ýygnagyndaky her bir täze agza ýygnagyň birligini goramaklyga berilýän wadany öz içine alýan ähte gol çekýär. Netijede, köp ýyllaryň dowamyndan bäri bizde hiç hili bölünişik bolanok. Mundan başga-da, şunuň ýaly asudalyk höküm sürýän söýginiň we birligiň arkasyndan oňa örän köp adam birikmek
Özüňiziň ýygnak maşgalaňyzda köpräk söýgi hem ýylylyk bolar ýaly siz näme edýärsiňiz? Siziň töweregiňizde söýgä, dost-dogana, maşgala gatnaşyklaryna mätäç bolan gaty köp adam ýaşaýar. Aslyýetinde biziň
Oýlanmak üçin hakykat: Öz ýygnagymyzdaky birligi gorama borjy meniň üstüme düşýändir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Özümiziň ýygnak maşgalamdaky birligi goramak üçin özüm häzir näme edýärin?
ÜÇÜNJI MAKSAT
Siz Mesihe meňzeş bolmak üçin ýaradyldyňyz
Reb Mesih Isany nähili kabul eden bolsaňyz, Onda şeýle hem geziň. Size öwredilişi ýaly, Onda kök urup abatlanyp, imanda berkäp, köp şükürler ediň.
22-nji gün
Mesihe meňzeş bolmak üçin ýaradylanlar
Rimliler 8:29
Koloseliler 1:15
Siz Mesihe meňzeş bolmak üçin ýaradyldyňyz.
Hudaý ilki başda sizi Öz Ogly Isa Mesihe meňzeş etmegi ýüregine düwdi. Biziň bütin durmuşymyz şuňa tarap hereket edýändir. Onuň üçünji maksady hem şunda jemleniledir. Hudaý Öz niýeti barada dünýäni ýaradan mahaly yglan edip:
Ýaradylan zatlaryň arasynda diňe adam Hudaýyň
Diňe imanlylaryň däl, eýsem, hemme adamlaryň hem özünde Hudaýyň keşbiniň bir bölegini göterýändiklerini Mukaddes Kitap aýdýar. Hut şunuň üçin hem, adam öldürmek we abort ahlak taýdan edilmeli zatlar däldir (Gelip çykyş 6:9, Zebur 139:13–16, Ýakup 3:9). Ýöne bizdäki Oňa meňzeşlik doludyr hasaplamak bolmaz. Bu meňzeşlik güýçli ýoýulan we günä bilen zaýalanandyr. Hudaý Isany biziň ýitiren şol başdaky keşbimizi gaýtaryp getirmek üçin dünýä goýberdi.
«Hudaýyň keşbi we şekili» özüniň dolulygynda nämä meňzeşkä? Isa Mesihe! Mukaddes Kitapda Isanyň «Hudaýyň görünmez keşbidigi» hem-de «Onuň şahsyýetiniň keşbidigi» aýdylýar (2 Korintoslylar 4:4, Koloseliler 1:15, Ýewreýler 1:3).
Çagalara seredip, olarda maşgalasyna meňzeşligi görenlerinde, adamlar: «Görsene, edil kakasynyň özi-dä!» diýip az aýtmaýarlar. Kimdir biri çagalarymyň maňa meňzeşdigini bilende, bu maňa diýseň ýaraýar. Çagalarynyň Öz keşbini we şekilini götermegini Hudaý hem diýseň isleýändir. Mukaddes Ýazgyda biziň
Men siziň özüme dogry düşünmegiňizi isleýärin: Biz hiç haçan hem Hudaý bolup bilmeýäris ýa-da hudaýlar toplumynyň biri hem bolup bilmeýäris. Tekepbirlikden doly bolan bu ýalan şeýtanyň gadymy duzaklarynyň biridir. Adam bilen Howa şeýtan eger öz maslahatyna eýerseler,
Her gezek durmuş ýagdaýlaryny we geljegimizi öz elimize almaga synanyşanymyzda, töweregimizdäki adamlara gözegçilik etjek bolanymyzda Hudaý bolma islegimiz alawlap gidýär. Ýöne ýaradylan jandar bolandygymyz sebäpli, hiç haçan hem
Ýerdäki ýaşaýşymyzyň gutarnykly maksadyny Hudaý ünjüsiz amatlyk edip goýmady-da, ruhy ösüş hem-de Mesihe meňzeş häsiýet edip goýdy. Mesihe meňzeş bolmaklyk öz şahsyýetiňi ýitirmekligi ýa-da pikirsiz, küýsüz Onuň meňzeşligine öwrülmegi aňlatmaýar. Sebäbi biziň aýratynlygymyzy Hudaý berdi ahyryn, şonuň üçin ony, elbetde, ýok etmek islemeýär. Mesihe meňzeş bolmak barada gürrüň edenimizde biz häsiýetimizde Oňa meňzeş bolmany göz öňünde tutýarys.
Hudaý bizde Dagdaky wagyzda sanalyp geçilen Bagtlylygyň (Matta 5:1–12), Mukaddes Ruhuň miwelerini suratlandyrylmasynda (Galatýalylar 5:22–23), Pawlusyň hatynyň söýgi baradaky beýik babynda (1 Korintoslylar 13), Petrusyň hasylly we doly bahaly alamatlarynda (1 Petrus 1:5–8) sanalyp geçilen alamatlaryň bolmagyny isleýär. Her gezek şu hakykaty ýadymyzdan çykaranymyzda, durmuş bize tutuş gaýgyny we lapykeçligi getirýär. «Näme üçin hemme zat beýle bolýarka? Näme üçin Hudaý meniň dogalaryma jogap bermeýärkä? Näme üçin maňa beýle agyr bolýarka?» Bilýärsiňizmi näme? Durmuş ýeňil hem bolmaly däldir! Bu bizi ösmäge mejbur edýän ýeke-täk usuldyr. Ýatda saklaň, ýer — bu entek Gökler däldir!
Köp mesihiler Isanyň «gurply ýaşaýyş» hakdaky wadasyna nädogry düşünýärler. Olar Isa şol ýerde birkemsiz saglygy, ajaýyp ýaşaýýş şertlerini, yzy üzülmeýän bagty, ähli arzuwlaryň doly amala aşmasyny we islendik kynçylykdan imanyň we doga etmäniň üsti bilen derrew dynmaklygy göz öňünde tutandyr diýip çaklaýarlar. Bir söz bilen aýtsak, olar mesihilik durmuşy aňsat bolmalydyr diýip çaklaýarlar. Olar Gökleri eýýämden ýerde görmek isleýärler.
Çeni bolmadyk bu egoistiki pikirler Hudaýy diňe biziň bagta tarap okdurylýan isleglerimizi kanagatlandyrmak üçin ýaşaýan çüýşedäki jyna öwürýär. Ýöne Hudaý biziň hyzmatymyzda bolmak üçin ýaşaýan däldir. Şoňa görä-de, eger siz aldawçy mif bilen gyzyklanýan bolsaňyz, ýa-ha zalym lapykeçlige düşersiňiz, ýa-da reallykdan doly üzňelikde ýaşarsyňyz.
Ýatda saklaň, gep asla sizde däldir! Siz başga zat üçin däl-de, Hudaýyň maksadyny ýerine ýetirmek üçin ýaşaýarsyňyz. Hudaý bakyýetde bireýýäm hakyky Behişdi taýýarlap goýdy, Oňa
MUKADDES RUHUŇ IÇKI HEREKETI
Bizde Mesihiň häsiýetine meňzeş häsiýeti terbiýelemek Mukaddes Ruhuň işidir. Mukaddes Kitapda:
Siz özüňizde Mesihiň häsiýetini ösdürip bilmersiňiz. Gaýta-gaýta duşenbe gününden başlap, bar güýjüňi ýumrugyňda ýygnap, iň gowy niýetleriňe yhlas bilen eýermek ýeterlik däldir. Hudaýyň siziň durmuşyňyzda görmek isleýän üýtgeşmelerini üýtgedip bilýän adatdan daşary güýje diňe Mukaddes Ruh eýedir. Ýazgyda:
«Mukaddes Ruhuň güýji» barada agzan badyňa, derrew köpleriň göz öňüne Onuň barlygynyň gudratly peýda bolmasy ýa-da güýçli, çuň emosiýalaryň ýüze çykmasy gelýär. Ýöne Mukaddes Ruh biziň durmuşymyzdaky wagtynyň aglaba böleginde örän ýuwaş, salykatly, duýdurman diýen ýaly, bize bildirmän hereket edýär. Ol bizi haýsydyr bir herekete çalaja eşidilýän pyşyrdy,
Bizde Mesihiň häsiýetine öýkünme arkaly däl-de, içki ýaşaýşy arkaly ösýändir. Biz Mesihiň öz
Mukaddes Ruh bilen bile hereket ediň. Bir örän wajyp hakykat Mukaddes Kitabyň içinden erş-argaç bolup geçýär. Biz iman ädimini äden
Hudaý biziň öňde başlamagymyzy isleýär. Özüňizi güýçli hem ynamly duýar wagtyňyza garaşyp oturmak gerek däl. Öz gorkularyňyza we duýgularyňyza garamazdan, göni öz ejizligiňiz içinde öňe ädim ädiň-de, dogry hereketleri ediň. Biz Mukaddes Ruh bilen bilelikde edil şunuň ýaly hereketleri hem edýäris. Şonda häsiýetimiz ösýärem, berkeýärem.
Mukaddes Kitap ruhy ösüşi gögerip gelýän tohum, gurlup barýan bina, ösüp duran çaga bilen deňeşdirýär. Bu metaforalaryň hemmesi prosese biziň hem işjeň gatnaşmalydygymyzy görkezýär: tohumy ekmeli we suwarmaly, binany gurmaly bolýar, sebäbi onuň özi kömelek kimin ösüp gidibermeýär, çagalara bolsa ösmek üçin hökman iýmitlenmek we köpräk hereket etmek gerek bolýar.
Eger gutulyş üçin biziň tagallalarymyz gerek däl bolýan bolsa-da, olar ruhy ösüşimiz üçin diýseň wajypdyr. Kem-kemden Isa meňzeş bolup ösmegimiz üçin «gaýrat etmelidigimizi», «elimizden gelenini etmelidigimizi» Täze Äht azyndan sekiz gezek aýdýar (Luka 13:24, Rimliler 14:19, Efesliler 4:3, 2 Timoteos 2:15, Ýewreýler 4:11, Ýewreýler 12:14, 2 Petrus 1:5, 2 Petrus 3:14). Kämilligiň öz-özünden gelerine garaşyp, gol gowşuryp oturmaly däldir.
Pawlus Efesliler 4:22–24-de Mesihe meňzeş bolmak üçin ýerine ýetirmesi gerek bolan üç borjy düşündirýär Birinjiden, biz öňki ýaşaýyş obrazymyzdan we hereketlerimizden el çekmelidiris. «…
Ikinjiden, bize pikirimizi üýtgetmek gerek.
Üçünjiden, biz Mesihiň häsiýetini «geýinmelidiris», özümizde täze, takwa häsiýetleri terbiýelemelidiris. Aslyýetinde, häsiýet — bu ähli endiklerimiziň toplumydyr. Bu siziň
Hudaý bizi Öz Sözüniň, Öz çagalarynyň we durmuşy ýagdaýlaryň üsti bilen terbiýeleýär. Bu faktorlaryň üçüsi hem häsiýeti emele getirmekde öwezini dolup bolmajak zatdyr. Hudaýyň Sözi ösmek üçin gerek bolan
Köp adamlar ruhy ösüş üçin diňe Mukaddes Kitaby okamak we doga etmek ýeterlikdir öýdýärler. Ýöne durmuşda diňe Ýazgyny öwreneniň ýa-da doga edeniň bilen
Köp dini akymlarda beýlekilerden aýrylyp, nirädir bir ýerlere uzakdaky dagly monastyrlara we dünýewi gatnaşyklar bilen hapalanylmadyk ýerlere gidýän adamlar iň mukaddes we dindar adam hasaplanylýar. Ýöne ruhy kämillige munuň ýaly düşünmeklik aslynda dogry däldir. Ruhy ösüş — bu diňe şahsy, ýekelikde edilmeli iş däldir. Doly ýekelikde bolup, mesihilikde kämillige ýetmek asla mümkin däldir. Ruhy taýdan kämil bolmak üçin adamlar bilen bile bolmak, olar bilen gatnaşmak, ýygnagyň, mesihilik jemgyýetiniň bir bölegi bolmalydyr. Näme üçin? Sebäbi hakyky ruhy kämillik adamlary Mesihiň söýşi ýaly söýmekde jemlenilendir. Eger beýleki mesihiler bilen gatnaşykda bolmasaň, Mesihiň söýşi ýaly söýmekligi öwrenmersiň. Ýatda saklaň, ösüşiň bar özeni söýmekden, ýagny Hudaýy hem adamlary söýmekden ybaratdyr.
Mesihe meňzeş bolmaklyk — bu ösüşiň uzak, haýal prosesidir. Ruhy kämillige awtomatiki usulda ýa-da bir pursatda ýetip bolýan däldir. Bu bütin galan ömrümizi eýelejek yzygiderli hem haýal ösüşdir. Pawlus bu hakda:
Ýatda saklaň, siz entek işläp durulan gutarylmadyk proýektsiňiz. Siziň ruhy üýtgemäňiz we Mesihe meňzeş bolmaňyz ýerde galan ömrüňizi tutuşlygyna eýelär. Hatda ol şonda-da doly gutarmaz. Munuň nokady ýa-da özümiz Göklerde Mesihiň ýanyna baranymyzda, ýa-da Mesihiň Özi ýere gaýdyp gelende goýlar. Şol pursatda häsiýetimizi kaşaňlamanyň galan işleriniň hemmesi gutarar. Isany ýüzbe-ýüz gören badymyza biziň hem edil Isa ýaly boljakdygymyzy Mukaddes Kitap aýdyp:
Mesihilik durmuşyndaky köp bulaşyklyklar bilen kynçylyklar biziň bir ýönekeý fakty unudýandygymyz sebäpli ýüze çykýar. Hudaý başga bir zada garanda, biziň häsiýetimizi döretmek bilen has köp gyzyklanýar. Biz: «Men haýsy işe ýerleşmeli?» diýen ýaly takyk soraglara Hudaý hiç hili jogap bermedik wagtynda, biz alada galyp başlaýarys. Aslynda Hudaýyň islegi bize dürli planly işleriň
Hudaý hemme zatdan öňürti siziň
Mukaddes Kitap bize duýduryş berip:
Gynansak-da, häzir mesihileriň arasynda meşhur bolan köp kitaplara göz aýlamaklyk hem, köp mesihileriň Hudaýyň beýik maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýaşaman, özüni görkezme we emisional durnuklylyk bilen kanagatlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýöne bu şägirtçilik däl-de, barypýatan narsissizm ahyryn (Narsissizm — bu egoizmiň iň soňky we weýran ediji derejesidir). Isa haçda bizi birkemsiz we ajaýyp durmuş bile üpjün etmek üçin ölmedi. Onuň maksady has çuň ýazylyp gidýär. Ol bizi Göklere almanyň wagty gelmezinden öňürti biziň Özüne meňzeş bolmagymyzy isleýär. Bu iň beýik hormatdyr, gaýragoýulmasyz borçdur we durmuşymyzyň gutarnykly maksadydyr.
Oýlanmak üçin hakykat: Men Mesihe meňzeş bolmak üçin ýaradyldym.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Şu günden başlap, Mesihe azajyk köpräk meňzeş bolup başlamak üçin durmuşymyň haýsy ugrunda güýç bermegini Mukaddes Ruhdan soramalykam?
23-nji gün
Biz nähili ösýäris
Efesliler 4:15
Efseliler 4:14
Hudaý biziň ösmegimizi isleýär. Gökdäki Atamyz biziň ösmegimizi, Mesihiň häsiýetini almagymyzy, söýgüde we kiçigöwünli gullukda ýaşamagymyzy isleýär. Gynansak-da, köp mesihiler
Ruhy ösüş awtomatiki usulda bolup geçmeýär. Munuň üçin akylly-başly we berk karar gerekdir. Adam ösmek, karar
Ilkinji şägirtleri Isanyň yzyna düşme kararyna gelenlerinde, olar munuň ýaly kakaryň öz yzy bilen näme alyp geljekdigine düşünmeýärdiler. Olar diňe Isanyň çagyryşyna seslendiler. Ösüp başlamak üçin diňe Isanyň yzyna eýeriji bolma
Biziň durmuşymyza hiç bir zat hem, karar kabul edenimizden soň, öz üstümize alýan borçlarymyz ýaly güýçli täsir edip bilmez. Munuň ýaly borçlar sizi ösüşe ýa-da heläkçilige getirip hem biler, ýöne islendik ýagdaýda-da köp zatda sizi adam hökmünde kesgitleýär. Maňa şu wagt durmuşyňyzy nämä bagyş edýändigiňizi aýdyň, menem siziň ýigrimi ýyldan soň kim boljakdygyňyzy aýdaýyn. Biz özümizi nämä bagyş edýän bolsak, şol hem bolup çykýarys.
Adamlar, ine, şu ýerde Hudaýyň öz durmuşlary babatdaky maksadyny sypdyrýarlar. Biziň köpimiz öz üstümize nähilidir bir borjy almakdan gorkýarys, şonuň üçin hem, hiç bir kenara-da baryp ýetmän, durmuş tolkunlarynda typyp ýörýäris. Başgalar bolsa, düýbünden bir ýere sygmajak gymmatlyklara gezekli gezegine we gaty bir çynlakaýlyksyz gyzygýarlar. Bu bolsa içki oňşuksyzlyga we ortaça adam bolmaklyga alyp barýar. Käbirleri baý bolmak ýa-da şöhrat gazanmak isläp, özlerini doly dünýewi maksatlara doly bagyş edýärler. Olary ahyrsoňunda ajy göwnügalyjylyk gurşap alýar. Her bir gelnen karar yzy bilen ebedi netijeleri hem alyp gelýändir, şonuň üçin gowusy paýhaslylyk bilen howlukman saýlamalydyr. Petrus:
Hudaý nämä jogap berýär, biz nämä jogap berýäris. Diňe takwa kararlary kabul edip, etmekligi ýüregimize düwen zadymyzy dogry hereket edip, ýerine ýetirmekde Mukades Ruhuň kömek etjekdigine bil baglan ýagdaýymyzda bizde Mesihiň häsiýeti emele gelip başlar. Eger siz Mesihe meňzemeklige çynyňyz bilen yhlas edýän bolsaňyz, onda özüňizi başgaça alyp baryp başlamagyňyz gerekdir. Siz öňki höwesleriňizden saplanyp, täze endikleri edinmelisiňiz we düşünip-bilip pikiriňizi üýtgetmelisiňiz. Şübhelenmän bilersiňiz: bu üýtgeşmeleri geçirmäge Mukaddes Ruh hökman size kömek eder. Mukades Kitapda: «…
Bu aýatlarda ruhy ösüşi iki düzümi bolan
Mesihilere gönükdirilen bu aýat gutulyş barada däl-de, ösüş barada gürrüň berýär. Bizi gutulyşy
Muny ýene-de, mozaikany düzüp «gutarmaga» synanyşymyz bilen deňeşdirse bolar. Mozaikanyň bölejikleri bizde eýýäm bar, bize olary diňe ýerli-ýerine birleşdirip goýaýmak galýar. Ýer eýeleri ýerde özlerine bir bölek ýer edinmek üçin däl-de, özlerinde eýýäm bar bolan ýeri mümkin boldugyça ýerlikli ulanmak üçin işleýärler. Hudaý size täze ýaşaýşy sowgat berdi, indi bolsa ony «gorky hem titreme bilen «amala aşyrma», ösdürme jogapkärçiligi siziň üstüňize ýüklenilendir. Diýmek ruhy ösüşe çynlakaý garamalysyňyz, sebäbi ruhy ösüşiňiz siziň bakyýetdäki roluňyzy kesgitleýär. Eger adamlar özleriniň takwalykda ösüşine äsgermezçilikli we ýeňleslik bilen garaýan bolsalar, onda bu zatlaryň nirä alyp barjakdygyna olaryň düşünmeýändigini görkezýär (4–5 nji baplarda eýýäm seredip geçildi).
Awtosürüjiniň guran zatlaryny çalyşmak. Öz durmuşyňy üýtgetmek üçin, pikirleriňi üýtgetmek gerek. Biziň edýän hereketlerimiziň aňyrsynda haýsydyr bir pikirler ýatýandyr. Her bir hereket haýsydyr bir pikir bilen şertlenilýändir, her bir ädim haýsydyr bir ýagdaýa laýyklykda ädilýändir. Hudaý bu hakykaty adama psihologlar bu barada aýdyp başlamazyndan müňlerçe ýyllar ozal açdy.
Göz öňüne getiriň, siz kölde tiz ýöreýän ýahtada gezelenç etmek üçin gidýärsiňiz. Özem ýahtany awtomatiki dolandyrmasyny diňe günorta ýörär ýaly edip düzüp goýýarsyňyz. Eger siz öwrülip, günbatara tarap gitmekçi bolsaňyz, onda muny diňe iki usul bilen edip bolýandyr. Şonda siz rula ýapyşyp, ýahtany awtosürüjiniň gönügen ugrundan garşydaş ugra öwrülmegine fiziki taýdan mejbur etmeli bolýarsyňyz. Awtosürüjini islegiň we muskulyň güýji bilen boýun egdirip bolar, ýöne şol pursatda siz üznüksiz garşydaşlyga-da duş gelersiňiz-de, tiz ýadarsyňyz. Şol wagt ruly goýberseňiz, ýahtaňyz derrew yzyna öwrülip, enjamlardaky düzülen tertibe boýun bolar-da, günorta tarapa gider.
Öz durmuşyňyzy diňe islegiň güýji bilen üýtgetmäge synanyşanyňyzda, sizde-de şunuň ýaly zatlar bolup geçer. Siz: «Men özümi az iýmäge, çilimi taşlamaga, guramaçylykly hem işime jür bolmaklyga mejbur ederin» diýýärsiňiz. Hawa, islegiň güýji tiz wagtyň içinde netijesini berip biler, ýöne ol hemişelik içki dartgynlylygy döredýär, sebäbi siz barybir meseläniň köki bilen çözleşmeýärsiňiz. Bolan üýtgeşmeler tebigy däl ýaly bolar durar, şonuň üçin siz tizara ýan berýärsiňiz, eliňizi sowadýarsyňyz-da, başlan berhiziňizi taşlaýarsyňyz we sportzala gatnamaňyzy bes edýärsiňiz. Bir söz bilen aýtsak, öňki endikleriňize we höwesleriňize gaýdyp barýarsyňyz.
Ýöne has tiz we gowrak bolan usullaram bardyr: öz awtosürüjiňiziň gurluşyny, ýagny pikiriňizi üýtgediň. Mukaddes Kitapda: «…
Mesihe meňzeş bolmak üçin siz Onuň pikir edişi ýaly pikirlenmäni öwrenmelisiňiz. Täze Äht aňyň munuň ýaly üýtgemesini
Mukaddes Kitap
«Mesihiň aňyna tarapky» ikinji ädim esasy ünsi özüňe däl-de, başgalara berip, kämil adam kimin pikirlenmekdir. Hakyky söýginiň özenine bagyşlanylan ajaýyp bir parçada resul Pawlus başgalar üçin edilýän aladanyň kämilligiň alamaty bolup durýandygyny belläp:
Biziň günlerimizde ruhy kämillik Ýazgynyň mazmunyny we taglymatyny bilişimiz boýunça kesgitlenilýär diýip çaklaýarlar. Ýazgyny bilme hakykatdan hem, kämilligi görkezijileriň biri bolýandygyna garamazdan, ol öz-özünden entek hiç zat hakda gürrüň berip bilmeýär. Mesihilik kämilligi öz içine diňe bir iman nyşanlaryny we dogry pikirleri alman, özüňi alyp baryş bilen häsiýeti hem alýar. Edýän işlerimiz aýdýan zatlarymyza gabat gelmelidir, pikirlerimiz bolsa, ýagşy hereketler bilen berkidilmelidir.
Mesihilik — bu dinem däl, filosofiýa-da däl. Ol aragatnaşyklar hem-de ýaşaýyş obrazydyr. Bu ýaşaýşyň esasy Mesihiň edişi ýaly, özüň hakda däl-de, başgalar hakda pikir etmeklik bolup durýandyr. Mukaddes Kitapda:
Başgalar hakda pikir etmeklik — bu Mesihiň takwalygynyň özenidir we ruhy ösüşiň iň gowy alamatydyr. Munuň ýaly ýaşamak aňsat zat däldir. Tebigatymyz boýunça bu bize asla mahsus hem däldir. Bu jemgyýetdäki häzirki zaman gurluşa garşy gelýär we örän seýrek duş gelýär. Bagtymyza, Hudaý munuň üçin zerur bolan kömegiň hemmesini berýär. «…
Oýlanmak üçin hakykat: Ösüp başlamak hiç haçan hem giç bolýan däldir.
Ýat tumaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Maňa haýsy ugurda özümçe pikirlenmegi bes edip, Hudaýyň pikirlenşi ýaly pikirlenip başlamak gerek?
24-nji gün
Hakykat arkaly üýtgänler
Matta 4:4
Resullaryň işleri 20:32
Hakykat bizi üýtgedýändir.
Ruhy ösüş — bu ýalanyň kem-kemden hakykat bilen ýerini çalyşmasydyr. Isa:
Hudaýyň Sözi başga sözleriň hiç birine-de meňzeş däldir. Ol diri Sözdür (Ýewreýler 4:12, Resullaryň işleri 7:38, 1 Petrus 1:23). Isa:
Mukaddes Kitap ýöne bir mesihilik taglymatlary boýunça gollanma däldir. Hudaýyň Sözi ýaşaýşy emele getirýär, iman döredýär, üýtgeşmeleri geçirýär, şeýtany gorkuzýar, gudrat görkezýär, öýkeleri ýazýar, häsiýeti berkidýär, şatlyk berýär, betbagtlygy ýeňip geçýär, synagy ýeňýär, umyt berýär, güýji azatlyga çykarýar, aňy arassalaýar, ýaradanlaryny ýaşaýşa çagyrýar we olaryň geljegini ebedi üpjün edýär! Hudaýyň Sözüni bilmän ýaşamak asla mümkin däldir! Oňa hiç haçan öz-özünden düşnükli bolan bir zat hökmünde garamaň. Biziň üçin Hudaýyň Sözi suw bilen howa ýaly zerur bolmalydyr. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimeleriniň birinde Eýýubyň sözi şeýle berilýär:
HUDAÝYŇ SÖZÜNDE BOLMAK
Häzir dünýäde Mukaddes Kitap hemme wagtkysyndan-da köp çap edilýär, ýöne tekjede tozan basyp ýatan Mukaddes Kitapdan peýda ýokdur. Millionlarça imanlylar ruhy işdäniň ýokdugyndan ejir çekýärler, ruhy ýarym açlykdan heläk bolýarlar. Mesihiň sagdyn şägirdi bolmak üçin biz Hudaýyň Sözünden doýmany öz ileri tutýan zatlarymyzyň iň esasysy etmelidiris. Isa bu hakda Hudaýyň Sözünde
Men onuň abraýyny ykrar etmelidirin. Mukaddes Kitap meniň durmuşymdaky gütarnykly gymmatlyk, ugur almak üçin bil baglaýan kompasym, wajyp kararlary kabul edenimde kömek berýän maslahatçym, galan zatlaryň hemmesini ölçeýän we olara baha berýän etalonym bolmalydyr. Meniň durmuşymdaky ilkinji we soňky söz Mukaddes Kitabyňky bolmalydyr.
Bizdäki köp meseleler öz saýlawlarymyzy juda durnuksyz zatlara, ýagny umumy kabul edilen pikirlere («Häzir hemmelerem şeýle edýärler»), aňyň delillerine («Bu maňa logiki taýdan dogry göründi») ýa-da emosiýalara («Şunuň ýaly bolsa dogry boljakdygyny men duýdum») esaslandyrýandygymyz üçin ýüze çykýar. Bu zatlaryň hemmesi adamyň günäsi bilen güýçli ýoýulandyr. Bize özümizi hiç haçan nädogry ýoldan alyp gitmejek birkemsiz etalon gerekdir. Munuň ýaly wadany bolsa diňe Hudaý berip bilýändir. Süleýman: «
Billi Gremiň gullugynyň ilkinji ýyllarynda Mukaddes Kitabyň hakykylygyna we abraýlydygyna güýçli şübhelenen döwri bolupdyr. Ahyrsoňunda ol bir gije gözýaşlar içinde dyzyna çökýär-de, özüniň asla düşünip bilmeýän çapraz ýerleriniň bardygyna garamazdan, edil şol pursatdan başlap, öz gullugynyň we bütin ömrüniň gutarnykly çeşmesi hökmünde Mukaddes Kitaba doly ynanma karara gelýändigini Hudaýa aýdýar. Edil şol günden başlap, Billi Gremiň durmuşy adaty bolmadyk güýçlüdigi we hasyllylygy bilen tapawutlanyp başlaýar.
Biziň şu günki kabul edip biljek iň wajyp kararymyz — bu nämäniň durmuşymyzyň gutarnykly çeşmesi boljakdygyny bellemekdir. Häzirki zaman medeniýetiniň, däpleriniň, aklynyň we emosiýalarynyň pikirlerine garamazdan, özüňiziň esasy standartyňyz hökmünde Mukaddes Kitaby saýlajakdygyňyzy özüňize aýdyň. Nähilidir bir karary kabul etjek bolanyňyzda, hökman özüňizden: «Bu barada Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» diýip sorajakdygyňyza özüňize söz beriň. Eger Hudaý haýsydyr bir zady etmekligi buýruk berse, onda Onuň Sözüne ynanjakdygyňyza, şol buýrugyň özüňize düşnüklidigine ýa-da däldigine, siziň şony isleýändigiňize ýa-da ýokdugyňyza garamazdan, Hudaýyň Sözi boýunça hereket etjekdigiňizi özüňiz üçin belläp goýuň. Goý, resul Pawlusyň sözleri siziň şahsy iman ykrar etmäňiz bolsun:
Men Ýazgyny öz durmuşymyň bir bölegi etmek bilen onuň hakykatyny özleşdirmelidirin. Mukaddes Kitaba diňe iman etmek azlyk edýär. Mukaddes Ruh özümi hakykatyň kömegi bilen özgerder ýaly, men aňymy Mukaddes Kitap bilen doldurmalydyryn. Muny etmäniň bäş usuly bardyr: Sözi diňläp, ony kabul etmek, ony okamak, öwrenmek, ýat tutmak we onuň üstünde oýlanmak mümkindir.
Birinjiden, biz Hudaýyň Sözüni diňlänimizde ony kabul edýäris we açyk ýürek hem aň bilen özleşdirýäris. Ekin etmäge giden daýhan baradaky tymsal Sözüň durmuşymyzda kök urjakdygyny ýa-da däldigini, hasyl getirjekdgini ýa-da getirmejekdigini köpräk derejede özümiziň Sözi kabul etmä taýýardygymyzyň kesgitlenýändigini görkezýär. Isa Sözi bolmalysy ýaly kabul etmäge ukyply bolmadyk ýüregiň we aňyň üç ýagdaýyny belleýär: ýapyklyk (daşly ýer), ýüzleýlik (çuň kök urulmaýan ýer), belli karara gelmezlik, bir pikire gelmezlik (haşal otly ýer). Soň Ol: «…
Her gezek wagyz sözlerini diňläniňizde ýa-da Mukaddes Kitaby okanyňyzda, hiç zat almaýan ýaly bolsaňyz, özüňiziň içki ýagdaýyňyzy we taýýarlygyňyzy, ylaýta-da, tekepbirligiňiziň näderejededigini barlaň, sebäbi kiçigöwünli hem düşünýän adam iň içgysgynç wagyzçydan hem öwrenmäge ukyply bolýandyr.
Ikinjiden, ýygnagyň iki müň ýyllyk taryhynyň dowamynda Mukaddes Kitaby diňe ruhanylar özbaşdak okap bilipdirler, ýöne indi ol milliardlarça adamlara elýeter boldy. Muňa garamazdan, imanlylaryň köp bölegi Mukaddes Kitaba garanda gündelik gazetleri okamaklyga has yhlasly garaýarlar. Biziň şeýle erbet ösýändigimiz geň galdyryjy zat däldir. Üç sagady telewizoryň öňünde geçirip, soň hem üç minudyň dowamynda Mukaddes Kitaby okap, ondan soň hem, täsin ösüşe garaşmak bolmaz.
Mukaddes Kitaba «ilkinji harpyndan soňky harpyna çenli» diňe sözünde ynanýanlaryň köpüsi ony dolulygyna ýekeje gezek hem okan däldirler. Ýöne Mukaddes Kitaby gün içinde on bäş minut okasaň-da, bir ýylda ony başyndan ahyryna çenli okap çykmak bolýar. Eger Mukaddes Kitaby okamagyň bähbidi üçin ýarym sagatlyk telegepleşikden el çeksek, onda ony ýylda iki gezek hem okap bileris.
Mukaddes Kitaby günde okamaklyk bize Hudaýyň sesini eşidip biler ýaly çäkde bolmaklyga kömek edýär. Ine, näme üçin Hudaý Ysraýyl patyşalaryna hökman Kanun Kitabyny hemişe ýanlarynda saklamaklygy tabşyryk berip:
Üçünjiden, Mukaddes Kitaby
Bu kitapda Mukaddes Kitaby öwrenmäniň her dürli usullaryny jikme-jik suratlandyrmaga ýer ýok. Ýazgyny öwrenmäniň usullaryna bagyşlanan gowy kitaplar, şol sanda meniň ýigrimi ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýazan kitabym hem bar. Mukaddes Kitaby üstünlikli öwrenmäniň syry dogry soraglary bermekdedir. Olar dürli usullarda dürli bolup bilerler. Eger tekste seredip, özüňize Kim? Näme? Haçan? Nirede? Näme üçin? Nädip? Hähili? Diýen ýaly ýönekeý soraglary berseňiz, islendik ýagdaýda-da Mukaddes Kitapda köp zady görersiňiz. Mukaddes Kitapda:
Hudaýyň Sözünde bolmanyň dördünji usuly — bu ony
Ýazgynyň aýatlaryny ýat tutmaklyk size örän uly peýdany getirer. Bu size synagy ýeňip geçmeklige, paýhasly kararlary kabul etmeklige, stres derejesini peseltmäge, özüňe ynamlyrak bolmaklyga, gowy maslahatlary bermeklige we imanyňy beýleki adamlar bilen paýlaşmaklyga kömek edýär (Zebur 119:11, 119:105, 119:49–50, Ýeremýa 15:16, Süleýmanyň pähimleri 22:18, 1 Petrus 3:15).
Ýatkeşlik myşsa meňzeşdir. Biz ony näçe köp ulansak, ol şonça-da berkleşýär, şonuň üçin Ýazgyny ýat tutmaklyk wagtyň geçmegi bilen aňsatlaşýar. Başlangyç üçin şu kitapda ýüregiňize has güýçlüräk täsir eden Mukaddes Kitap aýatlarynyň birnäçesini saýlasa bolar. Olary kiçijik kartoçkalara ýazyp alyp, hemişe ýanyňa göterip ýörmelidir. Ony gün içinde birnäçe gezek jübiňizden çykaryp,
Hudaýyň Sözünde bolmanyň bäşinji usuly — bu ol hakda
Meniň eýýäm 11-nji bapda aýdyp geçişim ýaly, eger birahat bolup bilýän bolsaňyz, onda pikirlenip bilýänsiňiz. Birahatlyk — bu haýsydyr bir otrisatel zat hakda pirikiňi bir ýere jemläp, bir maksada gönükdirip oýlanmakdyr. Mukaddes Kitap oýlanmasy hem, diňe kynçylyklara däl-de, Hudaýyň Sözüne gönükdirilendir.
Ýazgynyň üstünde günde pikirlenmekden başga hiç hili endik hem size durmuşyňyzy üýtgetmäge we Mesihe meňzeş bolmaga kömek edip bilmez. Hudaýyň hakykaty hakda oýlandygymyzça, Mesihiň göreldesiniň üstünde çynlakaý pikirlendigimizçe, biz
Eger Mukaddes Kitabyň oýlanmak hakda gürrüň berýän aýatlarynyň hemmesini okasaňyz, onda günüň dowamynda Öz Sözi hakda pikirlenmegi ýatdan çykarmaýanlara Hudaýyň nämeleri wada berýändigine haýran galarsyňyz. Biz şeýle etmäniň kömegi bilen öz dogalarymyza jogap alýarys, hakyky abadançylyga we üstünlige ýetýäris (Ýahýa 15:7, Ýeşuwa 1:8, Zebur 1:2–3). Hudaýyň Dawudy
Men Mukaddes Kitap prinsiplerini ulanmalydyryn. Eger özleşdiren prinsiplerimizi iş ýüzünde ulanmasak, Mukaddes Kitap hakykatlaryny kabul edenimiňem, ony öwrenenimiňem, ýat tutanymyňam, ol hakda yzygiderli pikirlenenimiňem peýdasy ýokdur. Men «Sözi ýerine ýetiriji bolmalydyryn» (Ýakup 1:22). Bu iň kyn ädimdir, sebäbi şeýtan ýadawsyzlyk we dartgynlylyk bilen sizi ondan saklajak bolup jan edýär. Ol size Mukaddes Kitaby öwrenilýän toparlara gatnamagyňyza päsgel bermez. Onuň üçin esasy zat öwrenen we düşünen zatlaryňyz boýunça hiç zat etmezlikdir. Eger bir hakykaty eşidendigimiz, okandygymyz ýa-da öwrenen mahalymyz açandygymyz sebäpli, ony gowy özleşdirendiris öýtsek, onda öz-özümizi aldaýandyrys. Aslynda ýekşenbe mekdeplerindäki sapaklara, Mukaddes Kitap öwrenilýän toparlara, mesihilik konferensiýalaryna gatnamak bilen şeýle gümra bolýarys welin, eşiden we okan zatlarymyzy iş ýüzünde ulanmaga wagtymyz hem galman biler. Beýleki duşuşyga ýa-da Mukades Kitap öwrenilýän sapaga ylgap barýançak, täze öwrenen zatlarymyzyň hemmesini unudýarys. Isa:
Özümiziň Mukaddes Kitap prinsiplerini iş ýüzünde ulanmakdan boýun towlajak bolýandygymyzyň ýene bir sebäbi olaryň agyr hatda käýagdaýlarda agyryly bolýandygyndadyr. Hakykat bizi
Mukaddes Kitaby derňeme boýunça ýygnaşylýan kiçi toparlarda gatnamany ähli ähmiýetine baha bermek mümkin däldir. Biz hemişe beýleki adamlardan öz görüp bilmedik hakykatlarymyzy bilýäris. Töweregimizdäkiler özümiziň sypdyryp biläýjek zatlarymyzy özümiz üçin açmaga kömek edýär. Şolaryň kömegi bilen biz Hudaýyň Sözüni mümkin boldugyça real we takyk ulanyp bileris.
«Sözi ýerine ýetiriji» bolmanyň iň gowy ususllarynyň biri-de — bu etjek işlerimiziň takyk planyny ýa-da Mukaddes Kitaby öwrenenimizden, Hudaýyň Sözüniň üstünde oýlananymyzdan soňky ätmekçi bolýan ädimlerimizi ýazmakdyr. Etmesi gerek bolan zatlaryň hemmesini takyk we doly ýazma endigini özüňizde terbiýeläň. Bu ädim
Indiki baba geçmezimizden öňürti, ine, şunuň ýaly: Hudaýyň Öz Sözünde size bireýýäm tabşyran işleriniň haýsysyny entegem edip başlamadyňyz? soragyň üstünde pikirleniň. Soň şu babatda özüňize real kömegi edip biljek änyk ädimleriň birnäçesini ýazyň. Gelen kararyňyz barada dostuňyza gürrüň berip, ondan wagtal-wagtal işiňiziň nähili gidip durandygyny barlamagyny haýyş ediň. Bir gezek Duaýt Mudiniň aýdyşy ýaly: «Mukades Kitap adamlara özleriniň bilimini köpeltmek üçin däl-de, olaryň durmuşyny üýtgetmek üçin gerekdir».
Oýlanmak üçin hakykat: Hakykat meni özgerdýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men Hudaýyň Sözüniň haýsy tabşyrygyny entek ýerine ýetirip başlamadym?
25-nji gün
Görgüler arkaly üýtgänler
2 Korintoslylar 4:17
Žanna Giýon (fransiýaly mesihi-ýazyjysy)
Ýekeje kynçylyk hem Hudaýyň ýanynda ýöne ýere bolýan däldir.
Ol biziň häsiýetimizi gündelik ýagdaýlaryň kömegi bilen ösdürýändir. Mundan başga-da, biziň Mesihe meňzeş bolma işimizde Ol gündelik ýagdaýlara hatda Mukaddes Kitapdan-da köp daýanýar. Munuň näme üçin beýledigi düşnüklidir: her hili durmuş ýagdaýlary bizi ýigrimi dört sagadyň dowamynda gurşap alýandyr.
Dünýäde bize köpsanly görgüleriň garaşýandygyny bize Isa aýdypdy (Ýahýa 16:33). Biziň ýekejämizem agyrydan ätiýaçlandyrylan däldiris, kynçylyklardan goralan däldiris we durmuşda hiç bir kynçylyksyz we agramsyz sypyp bilmeris. Durmuş — bu kynçylyklaryň hemişelik gezekleşmesidir. Birini düzedip ýetişmänkäň, ikinjisi başyňdan inäýýär. Olaryň hemmesi gaty bir uly we çynlakaý bolup durmasa-da, her haýsysy Hudaý tarapyndan özüňiz üçin bellenilen ösüşiň prosesinde az rol oýnamaýar. Resul Petrus görgi görmegiň bolmaly zatlardygyna ynandyryp:
Hudaý kynçylyklaryň kömegi bilen bizi Özüne has-da ýakynlaşdyrýar. Mukaddes Kitapda:
Joni Erekson Tada[10]: «Durmuş aladasyz we ýeňillik bilen gidip durka, Isa baradaky bilim, Oňa öýkünme, Onuň Sözünden alnan aýatlar hem Onuň bilen gürleşip oňaýýarys. Ýöne Isany biz diňe görgi görenimizde bolmalysy ýaly tanaýarys» diýýär. Görgüler bize Hudaý barada başga ýol bilen asla bilinmejek zatlary bilmeklige mümkinçilik berýär.
Hudaý Ýusuby türme tussaglygyndan (Gelip çykyş 39:20–22), Danyýeli ýolbarsly çukurdan (Danyýel 6:16–23), Ýeremýany erbet ysly çukurdan (Ýeremýa 38:6), Pawlusy birnäçe gezek gaýtalanan gämi heläkçiliginden (2 Korintoslylar 11:25), ysraýylly üç sany ýaş ýigdi otly pejiň gyzgyn ýalnyndan doly halas edip bilerdi. Ýöne Ol beýle etmedi. Ol bu kynçylyklaryň bolmagyna ýol berdi, netijede, bu adamlaryň her birisi Oňa ýene-de ýakyn geldi.
Kynçylyklar nazarymyzy Hudaýa dikmeklige hem-de öz güýjümize bil baglamanyň deregine Oňa umyt baglamaklyga bizi mejbur edýär. Muňa Pawlus şaýatlyk edip:
Kynçylyklaryňyz nireden çogup çyksa-da, olaryň ýekejesi hem siziň üstüňize Hudaýdan birugsat inmez. Hudaýyň islendik perzendiniň durmuşynda bolýan zatlarynyň hemmesi,
Hudaý dünýäni birygtyýarlylyk bilen dolandyryp, hemme zady ellerinde saklaýandygy üçin, ähli betbagtçylyklar, Onuň öz durmuşymyz babatdaky ýagşy niýetlerinde adaty, planlaşdyrylan zat ýaly bolup durýandyr. Ýerdäki ýaşaýşymyzyň hemme günleriniň dogulmazymyzdan köp wagtlar ozal Hudaýyň gün tertibinde ýazylandygy sebäpli (Zebur 139:16), durmuşyňyzda bolup geçýän hemme zadyň ruhy manysy az däldir. Hemmejesiniň! Munuň näme üçin beýledigini Pawlus bize rimliler 8:28–29-da düşündirip:
RIMLILER 8:28–29 NÄDIP DOGRY DÜŞÜNMELI
Başga hiç bir Mukaddes Kitap parçasyny-da şunuň ýaly ýygy-ýygydan we ýerliksiz ulanyp, oňa içindäki manysyndan düýbünden başgaça many bermeýärler. Bu ýerde: «Hudaý hemme zady meniň isleýşim ýaly edýär» diýilmeýär. Munuň beýle däldigi düşnüklidir. Bu aýatda: «Hudaýy bu ýerde hemme zadyň bagtly jemleme bilen gutarmasy kanagatlandyrýar» hem diýilmeýär. Bu-da hakykat däldir. Ýerdäki örän köp wakalar juda gynançly gutarýar.
Biz günäli dünýäde ýaşaýarys. Diňe Göklerde hemme zat Hudaýyň islegine laýyklykda ediler. Hut şonuň üçin hem Isa bize:
«Biz bilýäris». Kyn pursatlarda biziň umydymyz položitel pikirlere, ýakymly arzuwlara ýa-da sagdyn optimizme esaslanmaýar. Ol Hudaýyň doly ygtyýarlylygynyň we söýgüsiniň hakykatynda bolýar.
«Ol… öwürýär». Ähli wakalaryň aňyrsynda Beýik Arhitektor durýar. Siziň durmuşyňyz tötänden gabat gelmäniň, ykbalyň ýa-da ýagdaýlaryň şowly sazlaşygynyň miwesi däldir. Durmuşyňyzda iň ýokary plan bardyr. Adamzadyň taryhy — bu
«Hemme zat». Hudaýyň siziň durmuşyňyz babatdaky maksady durmuşyňyzda bolup geçýän zatlaryň hemmesini, şol sanda ýalňyşlyklaryňyzy-da, günäleriňizi-de, kemsidilmäňizi-de öz içine alýandyr. Bu öz içine rak keselini-de, çagaňyzyň düşmegini-de, bergä batmaňyzy-da, ýakynlaryňyzyň ölümini-de alýar. Hudaý hatda iň erbet ýamanlygy-da ýagşylyga öwürmäge ukyplydyr. Ol Golgotada hut şuny hem etdi.
Mundan başga-da, durmuşyňyzdaky wakalar Hudaý tarapyndan ýagşylyga aýratynlykda öwrülmeýär. Olar bir edilip dokalandyr, şonuň üçin Hudaýyň maksadyny ýerine ýetirmäniň hatyrasyna
«Bähbidi üçin». Bu ýerde biziň durmuşymyzda diňe gowy zatlaryň boljakdygy aýdylmaýar. Dünýäde bolup geçýän zatlaryň köpüsi hakyky ýamanlykdyr. Ýagşylykdan ýagşy zat oňarmak aňsatdyr, ýöne Hudaý erbet zatdan gowy zady edýändir. Isa Mesihiň nesil şejeresinde dört aýalyň ady agzalyp geçilýändir (Matta 1:1–16). Olar Tamar, Rahaw, Rut we Betşebadyr. Tomar göwreli bolmak üçin öz gaýyn atasyny azdyrýar. Rahaw kemçin bolupdy. Rut ýewreý bolup dogulmasa-da, ysraýylly adama durmuşa çykyp, kanuny bozýär. Betşeba Dawut bilen bikanun gatnaşyga baş goşýar. Bu bolsa onuň adamsynyň ölümine alyp barypdy. Görşüňiz ýaly bular birkemsiz abraýly aýallar däldiler, ýöne Hudaý ýamanlykdan we günäden ýagşylyk emele getirdi. Olar Isa Mesihiň eneleri boldular. Hudaýyň maksady biziň kynçylyklarymyzyň, görgülerimiziň, hatda günälerimiziň hemmesinden-de beýikdir.
«Hudaýy söýýänler we çagyrylanlar». Bu wada diňe Hudaýyň çagalaryna degişlidir. Ol hemmeler üçin berlen däldir. Hudaýa garşy bolup ýaşap, öz diýenlerinde durýanlara hemme zat ýamanlyk bolup gelýändir.
«Onuň maksadyna laýyklykda». Hudaý görgüleriň içine nähili many salýar? Ol ýagdaýlary başgaça däl-de, şonuň ýaly etmek bilen näme gazanjak bolýar? Ol biziň « Öz Oglunyň hakyky keşbine» öwrülmegimizi isleýär. Durmuşyňyzdaky hemme wakalar şunuň üçin edilýär!
MESIHIŇ HÄSIÝETINE MEŇZEŞLIGI DÖRETME
Bizi gymmatbaha daşlar kimin, görgüleriň çekiji hem byçgylary bilen taraşlaýarlar, bezeýärler, ýylmaýarlar. Biziň häsiýetimizdäki nätekizligi we bigäne tegmilleri aýyrmak üçin zergär çekiji ýeterlik bolmasa, onda Hudaý demir ussasynyň tokmagyny ulanmakdan hem çekinip durmaz. Eger barybir kejirlik etmämizi dowam etdirsek, urulýan çekiç, hatda burawlaýjy enjam hem herekere girer. Hudaý bizi ýola getirmäniň hatyrasyna hemme zady-da eder.
Her bir kynçylyk bize häsiýetimizi timarlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin kynçylyk näçe kyn bolsa, onuň ruhy myşsalarymyzyň we ahlak skletimiziň ösmegi üçin güýji şonça-da köp bolar. Pawlus: «…
Mukaddes Kitap synagy islendik hapalygy ýakýan arassalaýjy ot bilen deňeşdirýär. Petrus:
Hudaýyň sizi Öz Oglunyň keşbine öwürjek bolýandygy sebäpli, Ol sizi-de Oglunyň geçen synaglaryndan, şol sanda ýekelikden, synagdan, güýçli stresden, tankytdan, töweregiňizdäkileriň sizi ýigrenmeginden we başga-da köp zatlardan geçirer. Mukaddes Kitapda Isanyň
KYNÇYLYKLARA ISANYŇ SEREDIŞI ÝALY SERETMEK
Kynçylyklar özbaşyna entek ruhy kämilligi üpjün edýän däldir. Köp adamlar ösmekligiň deregine diňe gaharlanýarlar hem-de ykbaldan öýkeleýärler. Şeýdibem, hiç haçan ruhy kämillige ýetmeýärler. Biz şol kynçylyklara Isa bolan bolsa şunuň ýaly ederdi diýen pikir bilen garamaklygy öwrenmelidiris.
Ýatda saklaň, Hudaýyň niýetleri hemişe-de ýagşydyr. Hudaý bize nämäniň hemme zatdan gowy bähbitli boljakdygyny bilýär, şonuň üçin hem biziň bähbitlerimiziň aladasyny edýär. Hudaý Ýeremýa:
Şonuň üçin Özünden ýükümizi ýeňilleşdirmegini ýa-da birazrak gowşatmagyny soranymyzda Hudaý näme üçindir «ýok» diýse, onda ýatda saklaň,
Şonda gözlerimiziň öňünde öz kynçylyklarymyzy ýa-da görgülerimizi tutmaly däldiris-de, Hudaýyň maksadyny tutmalydyrys. Isa hut şunuň üçin hem haçdaky ölümi çekmeli boldy. Biz hem Onuň göreldesine eýermeklige çagyrylandyrys.
Milletparaz konslageriniň ähli elhençliklerini başdan geçiren Korri Ten Bum hem nazarymyzyň göni nirä gönükdirilendiginiň nähili wajypdygyny aýdyp: «Eger dünýä seretseň, gaýgylaryň soňy gelmez. Eger özüňe garasaň, depressiýa düşýärsiň. Ýöne Mesihe seretseň welin, rahatlyk tapýarsyň» diýýär. Öz ünsüňizi nämede jemlejekdigiňiz köp ýagdaýda siziň duýgularyňyzy kesgitleýändir. Dözümliligiň we batyrgaýlygyň syry görgülerimiziň wagtlaýyndygyny, özümize garaşýan baýragyň ebedi boljakdygyny ýatda saklamakdadyr. Musa hemişe dartgynlylykdan we kynçylykdan doly durmuşyň hötdesinden gelip bildi, sebäbi
Özüňize diňe wagtlaýyn hem gysga möhletleýin bolan zatlaryň pikirini etmeklige özüňize rugsat bermäň. Soňky netijäni ýada salyň:
Şatlanyň hem Hudaýa minnetdarlyk bildiriň. Mukaddes Kitap bize:
Mukaddes Kitapda:
Görgi görýän mahalymyz ýene-de Hudaýyň özümiz bilen bilelikde bolýandygyna begenmelidiris. Biz käwagtlar bir nirelerdendir bir ýerlerden ýagşy hem köşeşdiriji sözleri aýdýan daşlaşdyrylan we uzakdaky Hudaýa gulluk etmeýäris. Ýok, biziň Hudaýymyz durmuşymyzda bolýan zatlaryň hemmesine gönüden-göni gatnaşýar. Isa adam bedenine girip, biziň birimiz bolanda, adamzat muşakgatlarynyň içine girdi. Häzir bolsa Mukaddes Ruh biziň bilen bile hemme zatlara gatnaşýar, sebäbi Ol bizde ýaşaýar. Hudaý bizi hiç haçan hem ýeke goýmaýar.
Elleriňizi goýbermäň. Sabyrlylykdan hem tutanýerlilikden ýüküňizi tutuň. Mukaddes Kitapda:
Häsiýeti emele getirme — bu tiz bolýan iş däldir. Her gezek kynçylyklardan gaçmaga ýa-da ýakymsyzlyklardan sypmaga synanyşanymyzda, bu prosesi özümiz saklaýarys-da, öz ösüşimizi haýalladýarys. Ahyr netijesinde bolsa, özümize ondan-da köp, üstesine-de, hemişe gorkaklyga hemralyk edýän we reallygyň ýüzüne garamakdan ýüz öwürýän manysyz muşakgatlary öz-özümize getirýäris. Häsiýeti emele getirme prosesiniň öz yzy bilen nähili ebedi netijeleri getirýändigine düşünen badyňyza, Hudaýdan özüňizi (
Garaşylmadyk, düşnüksiz, hatda tötänden we manysyz bolup görnen ýagdaýlarda-da Hudaýyň eliniň bardygyny görüp başlanyňyzda, ösüp hem-de ruhy kämillige ýakynlaşyp başlandygyňyza düşünersiňiz.
Eger şu wagt sizem kynçylygy başdan geçirýän bolsaňyz, Hudaýdan: «Näme üçin maňa munuň ýaly zady berdiň?» diýip soramaň. Munuň deregine: «Sen maňa näme öwretjek bolýarsyň?» diýip soraň. Soň bolsa Oňa ynanyň-da, dogry hem takwa hereket etmegiňizi dowäm etdiriň.
Oýlanmak üçin hakykat: Ýekeje kynçylyk hem ýöne ýere bolýan däldir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Durmuşymdaky haýsy kynçylyk maňa ösmeklige has köp kömek etdi?
26-njy gün
Synaglaryň üsti bilen ösmeklik
Ýakup 1:12
Martin Lýuter
Her bir synag — bu dogry hereket etmeklige berilýän mümkinçilikdir.
Eger synagyň öz içine diňe bir günä etme mümkinçiligini alman, eýsem, ýagşy iş etme mümkinçiligini-de öz içine alýandygyna düşünsek, onda hatda synagam büdreme daşyndan ruhy ösüş üçin nobatdaky basgançak bolar. Synag bizi diňe saýlawyň öňünde goýýar. Eger şeýtan synagda size heläkçilik getirýän ýaragy görýän bolsa, Hudaý synagy sizi has-da ösdürmek üçin ulanýar. Her gezek günäniň deregine ýagşylygy saýlanymyzda, biz Mesihiň keşbine öwrülmeklige tarap täze ädim ädýäris.
Hemme zada bolmalysy ýaly düşünmek üçin bize hemme zatdan öňürti Mesihiň häsiýetiniň taraplaryny kesgitlemek gerekdir. Onuň häsiýetiniň doly suratlandyrylmalarynyň biri-de, Mukaddes Ruhuň miwelerine bagyşlanan parçadyr:
Bu dokuz häsiýet iň Beýik tabşyrygyň özenini açyp görkezýär-de, Isa Mesihiň haýran galdyryjy häsiýetini jikme-jik suratlandyrýar. Isada kämil söýgi, şatlyk, rahatlyk, sabyrlylyk we Ruhuň beýleki miweleri birleşipdir hem-de bedene öwrülipdir. Bu zatlaryň hemmesini edinmeklik — diýmek Mesihe meňzeş bolmakdyr.
Mukaddes Ruh bu dokuz häsiýeti bizde nädip emele getirýär? Belki, olar bir pursatda peýda bolýandyrlar? Belki, günleriň birinde ertir bilen ukudan oýananyňyzda, birden bu kämil we ösen häsiýetleriň özüňizi doldurandygyny duýarsyňyz? Ýok. Islendik miwe-de
Indiki sözlem özünde siziň bilmeli bolan iň wajyp hakykatlaryňyzyň birini özünde jemleýär, ýagny sizde Mukaddes Ruhuň miwelerini emele getirmek üçin Hudaý durmuşyňyzda
Mysal üçin, Hudaý bizi özümize asla
Bizde çyn
Mukaddes Ruhuň her bir miwesiniň bişmegi üçin Hudaý saýlama mümkinçiligini berjek bolup, bizde garşydaş hereketi etdiriji ýagdaýlaryň bolmagyna ýol berýär. Eger özüňizde erbet bolmak üçin hiç hili bahana bolmadyk bolsa, özüňizi gowy adam hökmünde atlandyrmak bolmaz. Eger ýekeje gezek hem dönüklik etmäge mümkinçilik bolmadyk bolsa, özüňi wepaly saýmak bolmaz. Biz ýalan sözleme synagyny ýeňip geçenimizde, dogruşyl bolýandyrys. Tekepbirligimizden el çekenimizde, kiçigöwünlilik ösýändir. Ellerimizi goýberme islegine garşy göreşenimizde, durnuklylyk ösýändir. Her gezek haýsydyr bir synagy ýeňip geçenimizde, birazajyk Mesihe meňzeşlige ýakynlaşýarys.
SYNAG NÄHILI HEREKET EDÝÄR
Şeýtanyň hereketini özünden bilmäniň aňsatdygyny ýatda saklamak bize peýdalydyr. Ýer ýaradylan döwründen başlap, ol biziň günlerimize çenli şol bir strategiýany we şol bir duzagy ulanyp gelýär. Synaglaryň hemmesi birmeňzeş hereket edýär. Hut şoňa görä-de, Pawlus: «…
Hemme zatdan öňürti şeýtan biziň içimizde nähilidir bir
Biziň göwnümize synaglar özümizi daşardan garawullap ýören ýaly bolýar, ýöne olaryň öz
Synagyň ikinji etapy — bu
Üçünji etapy — bu
Dördünji etap — bu diýen etmezlik. Bu ahyrsoňunda hemişe oýun edip gelen günäli pikirlerimize ýan berenimizde hem-de günäli hereketleri edenimizde bolýar. Aňymyzda peýda bolan pikir herekete öwrülýär. Biz bar ünsümizi gurşap alan islege ýan berýäris. Biz şeýtanyň ýalanyna ynanyp başlaýarys-da, Ýakubyň:
SYNAGY ÝEŇMEK
Synagyň nähili hereket edýändigine düşünmek örän peýdaly zatdyr, ýöne indi, geliň, bize synagy ýeňmäge kömek edip biljek takyk ädimleri sanalyň.
Gorka özüňizi aldyrmaň. Köp mesihilerde synag dowul, ysmaz ediji gorky we özleriniň şeýtanyň mekirliklerinden «ýokary» däldikleri sebäpli, günä duýgusyny oýarýar. Özlerinde gelşiksiz islegleri we meýilleri duýýandyklary üçin olar eýýäm utanýarlar. Ýöne olaryň munuň ýalyýagdaýy özleriniň ruhy kämilligiň özenine nädogry düşünýändigini görkezýär. Biz
Haýsydyr bir manyda synaga öwgi hökmünde düşünmek hem mümkindir. Şeýtan özüniň isleglerini şeýle-de ýerine ýetirip ýören adamlaryny synaga salmak nämä gerek. Ol adamlar oňa eýýäm degişlidirler. Synag — bu ejizligiň ýüze çykmasy ýa-da doňup galmanyň alamaty däldir-de, şeýtanyň sizi ýigrenýändiginiň alamatydyr. Muňa geň galmak, dowla düşmek ýa-da ruhdan düşmek gerek däldir. Synaga düşme gutulgysyzdyr, şonuň üçin oňa paýhasly we pähimli garamalydyr. Siz synaglardan hiç hаçan hem doly gaça durup bilmersiňiz.
Synaga düşeniňi duýmak — bu entek günä däldir. Isa hem synaga salyndy, ýöne ýekeje gezegem günä etmedi (Ýewreýler 4:15). Synag diňe özümiz ýol berenimizde günä öwrülip biler. Martin Lýuter: «Guşlara kellämiziň üstünden uçmaga päsgel berip bolmaz, saçymyzyň içinde höwürtge gurmaga päsgel bermek mümkindir» diýýär. Günäli pikirleri gulagymyza pyşyrdamagy şeýtana gadagan etmek bize başartmaz, ýöne biz şol pikirlere gaýdyp barmazlyk hem-de olara ýan bermezlik barada akylly-başly karary kabul edip bileris.
Mysal üçin, köp adamlar fiziki ymtylyşyň, jynsy gyjynmanyň we aýgyr höwesiň arasyndaky tapawudy görmeýärler. Bu
Aslynda, biz Hudaýy köp tanadygymyzça-da, şeýtan öz synaglary bilen biziň ünsümizi sowmaga synanyşýar. Adam Hudaýyň maşgalasyna giren badyna, şeýtan gangsterleriň zalym toparyndan hakyna tutulan ganhor kimin, şol adam barada sorap-idäp, yzyna düşüp başlaýar. Siz şeýtanyň duşmanysyňyz, şonuň üçin ol sizi her hili ýol bilen heläk etmeklige çalyşýar.
Kähalatlarda doga edýän wagtyňyz hem, ünsüňizi böljek hem sizi kemsitjek bolup, şeýtan size erbet hem ýabany pikirleri berer. Mundan gorkmaň ýa-da özüňizi günäkärlemäň. Ýatda saklaň, şeýtan siziň dogaňyzdan gorkýandyr, şonuň üçin bir tär bilen size päsgel bermek üçin elinden gelenini etmäge taýýardyr. Özüne: «Men nädip munuň ýaly pikir edip bilýärin?» diýip, özüni utandyrmanyň deregine, bu pikire şeýtanyň synagy hökmünde seredip, derrew nazaryňyzy Hudaýa gönükdiriň.
Adatça şeýtanyň özüňizi nädip synaga salýandygyny kesgitläň-de, hüşgär boluň. Başga wagtkylara garanda, synaga tiz ýan berýän belli bir ýagdaýlaryňyz bolýar. Käbir ýagdaýlar sizi derrew günä itekleýär, käbirleri bolsa size asla täsir etmeýär diýän ýaly bolýar. Bu ýagdaýlar siziň ejizlikleriňize diýseň gowy laýyk gelýär, şonuň üçin siz ejizlikleriňiziň nämededigini kesgitlemelisiňiz, sebäbi olar şeýtana diýseň gowy aýan. Ol aýagyňyzyň aşagyna näme goýmalydygyny örän gowy bilýär, şonuň üçin size hemişe şonuň ýaly ýagdaýy döretmäge synanyşýar. Petrus:
Özüňizden:
Özüňizden: «Men
Göni haýsy ýagdaýlara şeýtanyň özüňizi synaga salýandygyny kesgitlemegiňiz, soň hem mümkin boldugyça şunuň ýaly ýagdaýlardan gaça durmaga taýýar bolmagyňyz gerek. Mukaddes Kitap synaglary öňünden aňmaklyga we olar bilen göreşmäge taýýar bolmaklyga birnäçe gezek çagyrýar (Matta 26:41, Efesliler 6:10–18, 1 Selanikliler 5:6–8, 1 Petrus 1:13, 4:7, 5:8). Pawlus:
Hudaýdan kömek soraň. Bizde gije-gündiziň dowamynda Gökler bilen aragatnaşygyň «gyzgyn liniýasy» bardyr. Hudaý biziň synagy ýeňip geçmegimiz üçin Özünden kömek soramagymyzy isleýär. Ol:
Men bu dogalary «tiz kömek dogasy» diýip atlandyrýaryn, sebäbi olar artykmaç sözsüz bolup, göni işe degişli bolýar: «Tizräk! Kömek ediň! SOS!!!». Synag gelende, Hudaý bilen uzak gürleşip oturmaga bizde wagt bolmaýar, şonuň üçin çykgynsyz ýagdaýda Onuň adyny çagyryp başlaýarys. Dawut, Danyýel, Petrus, Pawlus we başga-da millionlarça mesihiler agyr pursatlarda şunuň ýaly tiz dogany edipdirler.
Biziň kömek sorap gygyran sesimiziň hökman eşidiljekdigini Mukaddes Kitap wada berýär, sebäbi Isa biziň betbagtçylyklarymyza gynanç bilen garaýar. Ol hem biziň düşýän synaglarymyza düşüp görüpdi.
Eger Hudaý biziň Özüni çagyrarymyza garaşýan bolsa, synaglary ýeňmäge kömek etmeklige taýýar bolsa, onda biz näme üçin ýygy-ýygydan ýüzlenmeýäris? Dogrusyny aýtsak, käwagt biz özümize kömek edilmegini asla
Käwagt Hudaýdan kömek soramaga bognumyz ysmaýar, sebäbi şol bir synaga birnäçe gezek özümizi aldyrýarys. Ýöne Hudaý Öz ýanyna şol bir mesele bilen gaýta-gaýta gelsegem, hiç wagt gaharlanmaýar, ýadamaýar we sabyr-takatyny ýitirmeýar. Mukaddes Kitapda:
Hudaýyň söýgüsi bes edilmeýär. Onuň sabyrlylygy asyrlar boýy dowam edýändir. Eger şol bir synagyň hötdesinden gelmek üçin Özünden gün içinde iki ýüz gezek kömek soramaly bolsaňyz hem, Ol barybir üstüňize merhemetini, ýagşylygyny, şatlyk bilen döker, şonuň üçin hem, Onuň ýanyna batyrgaýlyk bilen baryň. Ondan özüňize dogry hereket etmek üçin güýç bermegini soraň-da, Onuň özüňize gerek bolan zatlaryň hemmesini berjegine ynam bilen garaşyň.
Synaglar bizi hemme zatda Hudaýa bil baglamaklyga mejbur edýär. Agaç güýçli ýeliň kuwwatyna döz gelmeli bolanda, onuň kökleri diňe berkeýär. Bu ýerde hem şonuň ýalydyr: her gezek synagyň hötdesinden gelenimizde, biz ýene birazajyk Mesihe meňzeş bolýarys. Büdreseňiz ýa-da ýykylsaňzy — bu hökman bolaýmaly — ýatda saklaň, ol ölüm howply bolýan däldir. Elleriňizi goýberip, synaga ten bermäniň deregine, gözleriňizi gaýta-gaýta Hudaýa gönükdiriň, Onuň kömegine bil baglaň, özüňize Göklerde garaşýan sylagy ýada salyň.
Oýlanmak üçin hakykat: Her bir synag — bu dogry hereket etmek çin mümkinçilikdir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men özümde ýygy-ýygydan peýda bolýan synagy ýeňmek bilen özümde Mesihiň häsiýetiniň haýsy tarapyny ösdürip bilerin?
27-nji gün
Synagy ýeňip
2 Timoteos 2:22
1 Korintoslylar 10:13
Çykalga hemişe-de bardyr.
Käwagt göwnümize synaglar şeýle agyr bolup, özümiz olara döz gelip bilmejek ýaly bolýarys, ýöne bu şeýtanyň ýalanydyr. Hudaý Özüniň siziň içiňize salan
Ünsüňizi näme-de bolsa başga bir zada gönükdiriň. Mukaddes Kitapda «synaga garşy durmalydygynyň» ýekeje gezek hem aýdylmaýandygyna, belki, siz geň galýansyňyz. Bize
Biz aňymyzdan haýsydyr bir pikiri tutanýerlilik bilen gysyp çykarjak boldugymyzça-da, onuň köküni çuňlaşdyrýarys. Şol pikire garşylyk görkezmek bilen ony diňe berkidýäris. Bu has-da synaglara degişlidir. Özümizi gurşap alan duýgulara garşy söweşmek bilen synagyň hötdesinden gelmek mümkin däldir. Özümizdäki bir duýgyny basyp ýatyrmaga näçe köp dyrjaşsak, ol bizi şonça-da berk orap alar hem bize ýolbaşçylyk edip başlar.
Synagyň hemişe pikirden başlaýandygy sebäpli, onuň çekijilik güýjüni neýtrallaşdyrmagyň iň tiz usuly — bu ünsüňi başga zada sowmakdyr. Şonda berk ýapyşan ideýaňyzdan dynmaklyga çalyşmaň-da, aňyňyzy başga bir kanala geçirip, başga zat hakda pikirlenip başlaň. Bu synagy ýeňmä tarap ädilýän ilkinji ädimdir.
Günä zerarly gidýän söweşde özümize nämaniň, ýeňşiňmi ýa-da ýeňlişiň garaşýandygy siziň kelläňizde çözülýändir. Biziň özümizi hem ünsümizi gurşap alan zat eýeleýär. Ine, näme üçin Eýýup:
Dawut bolsa:
Telewizora seredip oturanyňyzda haýsydyr bir iýmiti reklama edenlerinde, birden ajygýan wagtyňyz bolýarmy? Ýanyňyzda biri üsgürende siziň hem şol pursatda üsgüresiňiz gelýän ýa-da bokurdagyňyzy arassalamak üçin ardynjyraýan wagtyňyz bolýarmy? Ýa-da ýanyňyzda oturanlaryň biri şeýle gowy pallan wagty, siziňem saklanyp bolmaz derejede pallasyňyzyň gelýän wagty bolýarmy? (belki, siz şu zatlaryň hemmesini okap otyrkaňyz häzirem pallaýansyňyz). Täsir edijiligiň güýji şeýle bolýar. Biz ünsümizi gönükdirýän zadymyza tebigy usul bilen ýykgyn edýäris. Adam bir predmet hakda näçe köp pikirlense, şol predmet onuň pikrini tutuşlygyna gaplap alýar.
Hemişe: «Men munuň ýaly köp iýmegi bes etmelidirin», «Maňa çilim çekmegi goýmak gerek» ýa-da «Maňa aýgyr pikirli höwesleri ýeňmek gerek» diýmek bilen, ine, näme üçin öz-özümizi urgy astyna salýan ekenik. Sebäbi siz şeýle etmek bilen saplanmasy gerek bolan zada gaýta-gatýa dolanýarsyňyz ahyryn. Bu: «Indi gaýdyp munuň ýaly etjek däl eje!» diýýän ýaly bir zatdyr. Şunuň ýaly zatlary aýtmak bilen islemeýän hereketleriňizi gaýtalamaklyga öz-özüňizi taýýarlaýarsyňyz.
Berhizleriň köpüsi peýdasyz bolup çykýar, sebäbi adam berhiz tutýan wagtynda, hemişe iýmit hakda pikirlenip ýörýär, diýmek hemişe açlyk duýup ýörýär. Eger doklad etjek adam çykyşynyň öň ýanynda yzyny üzmän: «Aljyramak gerek däl!» diýip gaýtalap ýörse, öz-özünde aljyraňňylyk döredýär. Munuň deregine öz duýgulary hakda däl-de, islendik başga bir zat hakda, mysal üçin, Hudaý, öz çykyşynyň zerurlygy ýa-da diňleýjileriniň talaplary hakda pikirlenmelidirler.
Synag siziň pikiriniňizi gurşap alan zatlardan başlanýar. Adamyň ünsüni eýeläp alan her bir predmet ony emosional bolmaklyga iterýär. Soň emosiýalar ony herekete itekleýär, şonuň üçin adam öz duýgularyna laýyklykda hereket edýär. «Men muny etmek islemeýärin» diýip, näçe köp gaýtalasaňyz, şonça-da, isleg sizi öz toruna çolaşdyrar.
Şol pikiri ýöne bir äsgermezlik etmeklik has peýdalyrak bolar. Pikirleriňizi başga zada gönükdiren badyňyza, ýapyşyp ýatan isleg derrew güýjüni ýitirer. Şonuň üçin synag birden telefonyňyza jaň edäýse, onuň bilen jedelleşip oturmak gerek däldir. Trubkany goýuň, boldy!
Beýle etmek üçin käwagt sözüň göni manysynda siz ýeriňizden turup, howply ýagdaýyň ýanyndan gitmeli bolarsyňyz. Bu gaçmaklygyň goldanylýan ýeke-täk ýeridir. Ýeriňizden turuň-da, telewizory öçüriň. Pyşyrdaşyp oturan gybatkeşler toparynyň ýanyndan gidiň. Filmiň edil ortarasynda ýeriňizden turup, kinoteatrdan çykyp gidiň. Bal arylary özüňizi çakmaz ýaly, ary öýjüginiň ýanyndan aňyrrak gidiň. Ünsüňizi sowup, başga tema geçmek üçin eliňizden gelenini ediň.
Ruhy manysynda biziň aňymyz iň ejiz we näzik organ bolup durýandyr. Synagyň güýjüni azaltmak üçin aňyňyzy Hudaýyň Sözünden we beýleki ýagşy pikirlerden dolduryň. Erbet pikirleri diňe gowy zatlar hakda pikirlenmek bilen ýeňip bolýandyr. Bu ýerini çalyşma prinsipidir. Biz ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňýäris (Rimliler 12:21). Pikirimiz başga zatlardan püre-pür bolan wagty, şeýtan biziň aňymyzy eýeläp bilmez. Ine, Mukaddes Kitap bizi hemişe nazarymyzy Isa Mesihe dikmeklige çagyrýan eken: «…
Eger siz çynyňyz bilen synagy ýeňmek isleýän bolsaňyz, öz pikirleriňize erk etmegi we eşidýän maglumatlaryňyzyň hemmesine gözegçilik etmegi öwrenmelisiňiz. Ähli döwürlerdäki we milletler arasyndaky iň akyldar adam:
Anygyna ýetmezden duş gelen hapany kelläňe guýubermeli däldir. Näme barada pikirlenmelidigini, näme hakda pikirlenmeli däldigini gowuja saýlaň. Resul Pawlusyň göreldesine eýeriň:
Kynçylyklaryňyz hakda dostuňyza ýa-da kiçijik toparyňyzyň agzalaryna gürrüň beriň. Muny bütin dünýä habar bermek hökman däl, ýöne kynçylyklaryňyzy päk ýüreklilik bilen paýlaşar ýaly, hiç bolmanda ýekeje adama ony aýtmalysyňyz. Mukaddes Kitapda:
Size göni aýdýaryn: eger berk ýapyşan erbet endik, garaşlylyk, synag bilen alyp barýan söweşiňizde ýeňilseňiz, eger ýagşy niýetleriň günäli töwereginden, üznüksiz gaharlanmadan we günä duýgusyndan çykyp bilmän galsaňyz, ondan ýekelikde çykyp bilmersiňiz! Size gapdaldan kömek gerek bolýar. Käbir synaglary diňe özüňiz üçin doga edýän, sizi ruhlandyrýan we hemişe işleriňiziň nähilidigini barlap durýan dostuňyzyň ýa-da ýoldaşyňyzyň kömegi bilen ýeňip bolýar.
Hudaý hemme zady siziň ösüş hem saplanma prosesiňize hökmany suratda beýleki mesihiler gatnaşar ýaly edip gurnapdyr. Hakyky, çyn gatnaşyk ýan bermeýän günäler bilen ýekelikde göreşmäniň garşysyna bolan dermandyr. Munuň hakyky azatlygy gazanmak üçin ýeke-täk usuldygyny Hudaý aýdýar.
Gitdigiçe siziň üstüňizden köp ýeňiş gazanýan aýrylmaz synagdan dogrudanam, saplanmak isleýärsiňizmi? Hudaýyň saplanma ýoly örän ýönekeýdir: ony özüňizde basyp ýatyrjak bolmak gerek däl, gowusy ony kimdir biriniň ýanynda boýun alyň. Ony gizlemäň-de, başga birine gürrüň beriň! Duýgularymyzy kimdir biriniň öňünde açmak bilen biz şypa alma ýoluna düşýändiris.
Agyrymyzy gizledigimizçe, ol diňe güýçlenýändir. Meseleler garaňkylykda ösýändirler, gitdigiçe ulalýandyrlar, ýöne ýagtylykda guraýandyrlar we ýygrylýandyrlar. Öz agyrylarymyzyň köki gizlemäge synanyşýan zatlarymyzyň içinde durandyr. Şonuň üçin maskaňyzy çykaryň-da, hemme zadyňyz gowy ýaly görkezjek bolmany bes ediň hem-de azatlyga tarap ýöräň.
Biz özümiziň «Seddlbek» ýygnagymyzda bu prinsipiň haýran galdyryjy güýjüniň ilkinji gezek seredeniňde ýeňip bolmajak we aýryp bolmajak ýaly bolup görnen höwesleri we synaglary ýeňşini gördük. Bu özümiziň işläp düzen «Durmuşa gaýdyp gelme» atly programmamyzyň üsti bilen bolýar. Ol sekiz ädimden ybarat bolan sagalyş prosesi bolup durýar. Özem Dagdaky wagzyň Bagtlylyk Tabşyryklarynda jemlenen Mukaddes Kitap hakykatlaryna esaslanýar we kiçijik toparlaryň daşynda gurulýar. Soňky on ýylyň dowamynda bäş müňden gowrak adam her dürli erbet endiklerinden, garaşlylygyndan we öýkelerinden saplanma aldy. Häzir başga-da müňlerçe ýygnaklar bu programmany ulanýarlar, şonuň üçin ony siziň ýygnagyňyza-da tutanýerlilik bilen teklip edýärin.
Siziň garşysyna göreşýän synaglaryňyz ýaly synaga entek hiç kimiň düşmändigine, siziňki ýaly günäni etmändigine, şonuň üçin hem bu zatlaryň hemmesini gizlin saklamalydygyňyza şeýtan sizi ynandyrjak bolar. Aslyýetinde, biziň hemmämizem birmeňzeş ýagdaýda bolýandyrys. Biziň hemmämizem durmuşda şol bir synaglara düşýäris (1 Korintoslylar 10:13) we
Biz tekepbirlikden ýaňa öz ýetmezçiliklerimizi gizleýäris. Biz başgalaryň özümizi terbiýeli, durnukly adam hasaplamaklaryny isleýäris. Aslynda, durmuşyňyzda «aýdyp bilmeýän» zadyňyz bar bolsa, onda bu durmuşyňyzyň şol jähtiniň deňagramlylygy ýitirendigini, siziň hem pul babatdaky kynçylygyň, ýanýoldaşyňyz bilen gatnaşyklaryň, çagalaryňyzyň kynçylyklarynyň, erbet pikirleriň, seksual höwesleriň, gizlin endikleriň haýsysynyň hem bolsa biriniň üstünden gözegçiligi saklap bilmeýändigiňizi aňladýar. Eger munuň hötdesinden gelip bilýän bolsaňyz, siz bireýýäm gelerdiňiz. Ýöne bu zatlaryň hötdesinden gelip bilmeýärsiňiz. Diňe erkiň güýji we ýagşy niýetler ýeterlik däldir.
Käbir endikler häsiýetiňize şeýle çuň siňipdir welin, hatda ýaşaýşyňyzyň bir bölegi bolup galypdyr, şonuň üçin hem olar eliňiz bilen düzederden gaty güýçli bolýarlar. Size kiçi topar ýa-da iki taraplaýyn goldaw boýunça bolmasa-da, sizi ruhlandyryp, doga edip, kömek edip, sizi hiç bir şertsiz söýüp, işleriňiziň nähilidigine gözegçilik etmek boýunça hemra gerek bolýar. Siz hem onuň üçin şu zatlary etmeli bolýarsyňyz.
Her gezek kimde bolsa biri: «Men entek muny hiç kime-de aýdamok» diýip boýun alanda, men şol adam üçin begenýärin, sebäbi indi oňa ullakan ýeňilleşmäniň we saplanmanyň garaşýandygyny bilýärin. Çyn ýürekden boýun almaklyk içde toplanyp duran bar bugy çykarýar welin, şonda adam köp ýyllardan soň ilkinji gezek umyt şöhlejigini görýär. Her gezek Hudaýyň tabşyrygyna boýun bolanymyzda we takwa dostumyza kynçylyklarymyzy aýdyp içimizi dökenimizde şunuň ýaly bolýar.
Size kyn sorag bermäge rugsat ediň: siz öz kynçylyklaryňyzyň haýsysyny güýjüňizde baryny edip, bigäne gözlerden gizleýärsiňiz? Siz näme hakda gürrüň bermäge gorkýarsyňyz? Munuň hötdesinden ýekelikde gelmek size başartmaz. Hawa, öz ejizlikleriňizi boýun almaga örän utanýarsyňyz, ýöne şypa almaga tarap ädim ätmekden sizi kiçigöwünliligiň ýetmezçilik etmesi saklaýar. Mukaddes Kitapda:
Şeýtana garşy duruň. Hudaýyň öňünde kiçigöwünli hem Oňa tabyn bolup, biz şeýtana garşy durmalydyrys. Ýakup 4:7-niň dowamynda:
Täze Äht mesihilik durmuşyny erbet güýçlere garşy göreş diýip az atlandyrmaýar hem-de «ýesir almak», «ýeňmek», «ýeňip geçmek», «söweşmek» we «meşgullanmak» ýaly harby jümleleri ulanýar. Mesihiler duşman territoriýasynda gulluk edip ýören esger bilen deňeşdirilýär.
Şeýtana garşy durmak näme? Muny bize Pawlus düşündirip:
Ikinjiden, siz şeýtana garşy Hudaýyň Sözüniň gylyjy bilen söweşmelisiňiz. Isa şeýtan Özüni çölde synaga salanda, muny nädip etmelidigini bize görkezdi. Her gezek şeýtan Isanyň ýýanyna täze synag bilen gelende, Isa Ýazgydaky aýatlary ulanyp jogap bermek bilen oňa garşy durýar. Isa şeýtan bilen jedelleşjek bolup durmady. Öz şahsy talabyny kanagatlandyrmak üçin Özüniň adatdan daşary güýjüni ulanmalydygyny aýdanda, Isa: «Meniň asla hiç zat iýesim gelenok» diýmedi. Ol jogap hökmünde Ýazgydan aýat aýdýar. Bizem edil şunuň ýalşy etmelidiris. Hudaýyň Sözünde güýç jemlenendir.
Hiç haçan şeýtan bilen jedelleşmäň. Ol bu işde sizden has köp tejribelidir, sebäbi bu iş bilen ol dünýä döräli bäri meşgullanyp gelýär. Siz ony birkemsiz logika ýa-da şahsy pikirleriňiz bilen petige salyp bilmersiňiz, ýöne ol ýekeje ýaragdan — Hudaýyň hakykatyndan — ýaňa hemişe sandyraýandyr. Ine, Ýazgydan aýat ýat tutmak synagdan goranmak üçin nähili wajyp eken. Synag üstüňize abanyp gelende, sizde hemişe Hudaýyň Sözüne ýol taýýar bolup durýandyr. Islendik ýagdaýda ýada salmak üçin Isa kimin hakykaty ýüregiňizde saklaň.
Eger Ýazgydan ýekeje aýady hem ýatdan bilmeýän bolsaňyz, diýmek siz düýbünden ýaragsyzsyňyz. Men sizden tutanýerlilik bilen ömrüňiziň ahyryna çenli hepdede hiç bolmanda ýekeje aýady ýat tutmaklygy maslahat berýärin Göz öňüne getirip görüň, bu ýönekeý maşkyň üsti bilen siz nähili güýçli bolýarsyňyz.
Özüňiziň näderejede ejizdigiňize düşüniň. Hudaý biziň hiç haçan hapalanmaly däldigimizi duýdurýar, sebäbi özüňe aşa ynamly bolmaklyk hökman betbagtçylygyň üstünden alyp barýandyr. Ýeremýa:
Özüňize synag garaşýan ýerde özüňizi synaga düşer ýaly ýagdaýa salmaly dälsiňiz. Synaglardan gaça duruň (Süleýmanyň pähimleri 14:16). Ýatda saklaň, synagyň torundan çykjak bolup urnup durandan, öňünden ondan daşlaşanyň gowudyr. Mukaddes Kitapda:
Oýlanmak üçin hakykat: Çykalga hemişe bardyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Özüm üçin doga etmek bilen aýrylmaz synaga garşy göreşmeklige kömek eder ýaly, ikitaraplaýyn goldaw we gözegçilik boýunça hemram bolmagyny men kimden sorasamkam?
28-nji gün
Hemme zat wagt talap edýär
Wagyz kitaby 3:1
Filipililer 1:6
Ruhy kämillige gysga ýol bilen ýetmeklik mümkin däldir.
Bize hakyky uly adam bolmak üçin uzak ýyllar gerek boldy. Islendik miwä-de bişmek üçin az bolanda birnäçe aý gerek bolýar. Mukaddes Ruhuň miwesi barada-da şuny aýtmak bolar. Takwa häsiýetiň ösüşini howlukdyrmaly däldir. Fiziki ösüşde bolşy ýaly, ruhy ösüş üçin hem wagt talap edilýär.
Eger miweleriň we gök-önümleriň ýetişme wagtyny howlukdyrsak, olar tagamyny ýitirer. Amerikada adatça dükanlara äkidende mynjyramaz ýaly, miweleri entek bişip ýetişmänkä ýygýarlar. Soň olar derrew gyzarar ýaly, kömürturșy gazy bilen işläp bejerýärler. Şunuň ýaly edip işlenilip bejerilen pomidorlar iýmäge ýaramly bolýarlar, ýöne olar baldagynda soňuna çenli howlukman bişen suwly pomidorlar bilen hiç wagt hem deňeşip bilmezler.
Biz öz özüşimiziň
Bir gezek Leýn Adams ruhy ösüş prosesini Ikinji jahan urşunda Ýuwaş okean adalaryny azat etme operasiýasyndaky antifaşistik döwletler birleşmesiniň harby strategiýasy bilen deňeşdirýär. Nobatdaky ada baranlarynda artilleristler bomba, granat we beýleki partlaýjy serişdeleri taşlap, «ýeri ýumşadýarlar». Bu harbylarda duşmanyň garşylygyny çym-pytrak etmek maksady bilen goranyşy artody bilen arassalamak diýlip atlandyrylýar. Ikinji etapynda deňiz pyýada goşunynyň uly bolmadyk topary ada düşürilip, azajyk mukdarda bolsa-da, kenarda berkitme etmek üçin kenardaky plasdarmy eýeleýär. Şunuň ýaly plasdarmy eýelänlerinden soň, esgerler ýuwaş-ýuwaşdan duşmanyň elinden täzeden-täze bölekleri basyp alyp, bütin adany azat etme prosesine başlaýarlar. Ahyrsoňunda olar tutuş adany azat edýärler. Bu bolsa olardan adatça köp gandöküşikli söweşleri talap edýärdi.
Adams şunuň ýaly parallel geçirýär: bizi toba hem-de iman etmä getirip, biziň durmuşymyzy basyp almak üçin Mesih käwagt durmuşymyza özümiziň hötdesinden gelip bilmejek kynçylyklarymyzyň bolmagyna ýol berip, ýüregimiziň «topragyny ýumşatmaly» bolýar. Käbir adamlar Isa birinji gezek gapyny kakanda, Oňa gapyny açýarlar, köpimiz garşylyk görkezip, peýdasyz goraga aýaga galýarys. Ahyrsoňunda barybir toba gelmezimiziň öň ýanynda Isanyň:
Isanyň öňünde öz ýüregimiziň gapysyny açan badymyza, Hudaý durmuşymyzyň «plasdarmyny» eýeleýär. Göwnüňize bütin durmuşyňyzy Onuň eline doly beren ýaly bolup görünýän bolmagy-da ahmaldyr, ýöne aslynda onda siziň pikiriňize-de gelmeýän köp zatlar bardyr. Siziň Hudaýa ýaşaýşyňyzyň diňe öz gözüňize görünýän we şu pursatda özüňiziň bilýän jähtleriňizi bermegiňiz mümkin. Munda hiç hili gorkunç zat ýokdur. Mesih Öz «plasdarmynda» ýerleşen badyna, derrew biziň bütin durmuşymyz Özüne doly degişli bolýança, gitdigiçe köp territoriýalary eýeleme kompaniýasyna başlaýar. Kynçylyklaram, gan döküşikli söweşlerem bolar, ýöne işleriň gutarnykly netijesine şübhelenmän bolar. Hudaý Özüniň
Şägirtçilik — bu Mesihe meňzeş bolma prosesidir. Mukaddes Kitapda
Bu ýolda özümiziň (sežde etme arkaly)
Biz bu günki günde netijelere mümkin boldugyça tiz ýetmek isleýäris, ýöne Hudaýa tizlik däl-de, güýç hem-de durnuklylyk wajypdyr. Biz kynçylyklarymyzdan tizräk dynmaklyga jan edýäris, azatlyga tarap gysga ýoly gözleýäris, şypany hut şu pursatyň özünde almak isleýäris. Nobatdaky wagyz sözüniň, seminaryň ýa-da ruhy duýgynyň ähli kynçylyklarymyzy derrew çözmegini, özümizi ösüşiň ähli agyrylaryndan azat etmegini isleýäris. Ýöne hakyky kämillik her neneň ähmiýetli ýa-da tolgundyryjy bolsa-da, hiç haçan hem ýeke-täk wakanyň miwesi bolup bilýän däldir. Ösüş ýuwaş-ýuwaşdan gidýändir. Mukaddes Kitapda:
NÄME ÜÇIN BEÝLE UZAK WAGTLAÝYN BOLÝARKA?
Aslynda Hudaý bizi bir pursatda-da üýtgedip
Üýtgemek hem ösmek üçin bize munuň ýaly köp wagt gerek bolýarka?
Biz diýseň ukypsyz okuwçylardyrys. Sapagy özleşdirmek üçin ony kyrk, elli gezek «geçmeli» bolýan gezeklerimiz az bolmaýar. Kynçylyklar yzly-yzyna peýda bolýar welin biz şonda: «Ýene-de şol bir zatda! Men eýýäm munuň bilen düşünişipdim ahyryn!» diýip pikir edýäris. Ýöne Hudaýa has görnükliräkdir. Biziň köne endiklerimize tiz dolanyp gelýändigimizi ysraýyl halkynyň taryhy aýdyň görkezýär. Bize köp gezek gaýtalamaklyk gerek.
Bize köp zatdan saplanmak gerek. Köp adamlar psihologiki maslahat berliýän ýere gatnaşyklarynda
Biz özümiz hakdaky hakykatyň ýüzüne kiçigöwünlilik bilen bakmakdan gorkýarys. Hakykatyň özümizi dogrudanam, azat edýändigini men eýýäm aýdyp geçdim, ýöne onuň özümize birgiden ezýetleri getirmegi-de mümkin. Eger öz häsiýetimize dogruçyllyk bilen seredäýsek, açyljak zadyň öňünde bolýan gorky bizi öz-özümizi aldamanyň daňylarynda saklaýar. Hudaýyň Öz hakykatynyň nuruny döküşine laýyklykda, biz öz ýetmezçiliklerimiziň, günälerimiziň, etmişlerimiziň üstünde işläp başlap bilýäris. Ine, näme üçin öwrenmäge pes göwünlilik hem taýýarlylyk bolmasa ösüp bolmaýan eken.
Ösüş prosesi köplenç gorkuzagan we agyryly bolýar. Ösüş hemişe gorky ýa-da ýitgi bilen baglanyşykly bolýar. Üýtgeşmeler hemişe gorky hem ýitgi bilen bile gelýändir, ýitgi bolsa hiç haçan hem agyrysyz bolýan däldir. Islendik üýtgeşme hökmany suratda öz yzy bilen nähilidir bir ýitgini alyp gelýär. Täze bir zat öwrenmek üçin özüňen köne zady aýryp goýbermeli bolýarsyň. Öňki hereketlerimiz bilen höweslerimiz özümize diňe zelel getiren bolsa-da, biz boljak üýtgeşmelerden gorkýarys, sebäbi öňküler geýlip lüti çykan köwüş ýaly, amatlydylar hem-de endik edinilendiler.
Adamlar özlerindäki şahsy «men»-i öz ýetmezçiligi hökmünde kesgitleýärler. Biz toba bilen: «Men özümi hemişe şunuň ýaly alyp barýaryn» ýa-da «Men şunuň ýaly adam-da» diýýäris. Ýöne şonda-da akyl ýetirip, eger öňki öýkelerimi bagyşlasam, erbet endiklerimden ýa-da hereketlerimden saplansam, onda men kim bolýaryn diýip birahat bolýarys. Bu gorkynyň ösüş prosesini çynlakaý saklamagy ahmaldyr.
Endikler wagtyň geçmegi bilen ösýär. Ýatda saklaň, adamyň häsiýeti — bu onuň endikleriniň mukdarydyr. Ýagşylyk
Özüňde takwa endikleri ösdürmäniň diňe ýekeje usuly bardyr — bu
Eger uzak wagtlap bir zat bilen meşgullansaň, onda ony birkemsiz oňarmagy hökman öwrenýärsiň. Gaýtalamaklyk — ukybyň hem häsiýetiň enesidir. Biziň häsiýetimizi ösdürmeklige gönükdirilen bu endikleri köplenç «ruhy tertip-düzgün» ýa-da «ruhy maşklar» diýip atlandyrýarlar. Bulary nähili ösdürmelidigini size öwredýän köp ajaýyp kitaplar bardyr.
HOWLUKMAŇ
Ruhy taýdan ösdügimizçe, biz Hudaýyň öz ýüregimizde edýän zatlaryna ýardam berip, Onuň bilen deň gadam urup bileris. Munuň üçin bize aşaky birnäçe zatlary bilmek gerekdir.
Siz muny duýmasaňyz-da, Hudaýyň öz durmuşyňyzda işleýändigine ynanyň. Käwagt ruhy taýdan ösmeklik kyn, haýal, kiçijik ädimjikler bilen bolup geçýär. Ýatda saklaň, gowulaşma birden däl-de, ýuwaş-ýuwaşdan bolýandyr. Mukaddes Kitapda:
Bir pursatda dynmak islän meseleleriňizi, öýkeleriňizi we endikleriňizi näme etmeli? Elbetde, Hudaýdan gudrat görkezmegini dilemek gerek, ýöne dogalaryňyzyň jogaby yzygiderli, ýuwaş-ýuwaşdan bolýan üýtgetmeler bolsa, onda gynanmaň. Wagtyň geçmegi bilen tiz akymly bolmasa-da, üznüksiz akyp duran suw iň gaty gaýany-da, ýylmaýandyr, harsaň daşlary-da ýönekeý daşjazaglara öwürýändir. Wagtyň geçmegi bilen kiçijik nahaljygam ýüz elli metrlik mähnet sekwoýa agajyna öwrülip bilýändir.
Gündelik ýöredip, oňa geçen sapaklaryňyzy ýazyň. Bu gündeki wakalary ýazmaklyga niýetlenen gündelik dälde, öwrenen zatlaryňyzy ýazýan gündelik bolmalydyr. Oňa öz pikirleriňizi, özüňize açylan zatlary, Hudaýyň Özi hakda öwreden zatlaryny, özüňiz, durmuşyňyz, gatnaşyklaryňyz we galan zatlaryň hemmesi baradaky ýazgylary ýazyň. Bu zatlaryň hemmesini wagtal-wagtal geçen zatlaryňyza gaýdyp gelmek, öňki alan sapaklaryňyzy ýatlamak we indiki nesle geçirmek üçin ýazyň (Zebur 102:19, 2 Timoteos 3:14). Hudaýyň eýýäm geçen zatlarymyzy ýene gaýtalamaly bolýandygynyň sebäbi, biziň olary tiz unudýandygymyzdadyr. Öz ruhy gündeligiňizi yzygiderli okamaklyk sizi gerek bolmajak köp agyrylardan we görgülerden goraýar. Mukaddes Kitapda: «…
Hudaýa hem-de öz-özüňize sabyrly daraň. Durmuşymyzda Hudaýyň möhletleriniň öz möhletlerimiz bilen gabat gelmeýändiginiň bizi gaýgylandyrýan we gaharlandyrýan wagtlary-da bolýar. Hudaý hiç ýere howlukmasa-da, biz köp howlugýarys. Belki, öňe süýşmäniň göwnüňize diýseň haýal gidýän ýaly bolýandygy sebäpli, sabyr-takatyňyzyň ýetmeýän bolmagy-da mümkin. Ýatda saklaň, Hudaý howlukmaýan bolsa-da, hemme zady öz wagtynda edýändir. Ol ýerdäki ömrüňiziň galan ýyllarynyň dowamynda sizi bakyýete taýýarlaýar.
Hudaýyň adamlarda, ylaýta-da liderlerde, takwa häsiýeti haýallyk we yhlaslylyk bilen ösdürýändigine degişli bolan mysallar Mukaddes Kitapda näçe diýseň bardyr. Musanyň düşen ýagdaýynda segsen ýyl goşmak kyrk ýyl çölde gezmek gerek boldy. Musa tutuş 14 müň 600 günläp garaşyp, özünden: «Haçanka?» diýip sorady. Hudaý bolsa üýtgewsiz: «Ýene birazrak garaş» diýip jogap berdi.
Häzirki zaman köp kitaplarynyň atlarynda garamazdan,
Gaýgylanmaň. Habakuk öz pikiriçe Hudaý gaty bir tiz hereket etmändigi üçin gaýgylananda, Reb oňa:
Eger Hudaý haýalýagallyk edýän bolsa-da, bu Onuň hereket etmekden ýüz öwürdigi däldir.
Ýene näçe wagtlap gitmelidigiňiz barada pikirlenmän, eýýäm ýeňip geçmäge ýetişen ýollaryňyz hakda pikirleniň. Siz entek islän zadyňyza ýetmeseňizem, öňkiňiz bilen deňeşdireniňizde, ep-esli aralygy geçdiňiz. Birwagtlar biziň ýurdumyzda bir nyşanjyk meşhur boldy. Onuň ýüzünde HEGHEMBEIG harplary ýazylgydy. Bu: «Haýyş Edýärin, Garaşyň, Hudaý Entek Meniň Bilen Edýän Işini Gutarmady» diýmekligi aňladýardy. Ol siziň üstüňizde-de entek bar güýji bilen işleýär, şonuň üçin öňe süýşmegiňizi dowam etdiriberiň. Hatda balykgulak hem Nuhuň gämisine gelip ýetdi, sebäbi tutanýerlilik we güýjünde baryny edip, öz maksadyna tapar süýşdi!
Oýlanmak üçin hakykat: Ruhy kämillige tarap barýan gysga ýol ýokdur.
Ýat tutmaly aýat: «B
Oýlanmak üçin sorag: Özümiň ruhy ösüşimiň haýsy jähtinde men tutanýerli hem sabyrly bolmaly?
DÖRDÜNJI MAKSAT
Siz Hudaýa gulluk etmek üçin ýaradyldyňyz
Olar hyzmatçy, siz hem Rebbiň her birine berşine görä, olar arkaly iman etdiňiz. Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr.
29-njy gün
Tabşyrylan işi kabul edip
Efesliler 2:10
Ýahýa 17:4
Siz ýer ýüzünde taryha öz goşandyňyzy goşmak üçin peýda bolduňyz.
Siz diňe bir talap ediji, ýagny iýmek, dem almak w ýer eýelemek üçin ýaradylmadyňyz. Hudaý sizi öz ýaşaýşyňyzyň ýer ýüzünde öz yzyny galdyrmagy üçin ýaratdy. Meşhur kitaplar bize häzirki durmuşdan mümkin boldugyça köp zady «almalydygyny» maslahat berseler-de, Hudaý bizi munuň üçin ýaratmady. Biz diňe bir durmuşdan bir zatlar almaklyga däl-de, eýsem, durmuşa öz goşandymyzy goşmaklyga hem çagyryldyk. Hudaý biziň öz alan zatlarymyzdan başgalara-da bir zatlar bermegimizi islýär. Bu Onuň biziň durmuşymyz babatdaky dördünji maksadydyr, şonuň üçin hem ol «gulluk» diýlip atlandyrylýandyr. Munuň nämedigini Mukaddes Kitap bize jikme-jik gürrüň berýär.
Biz Hudaýa gulluk etmek üçin ýaradyldyk. Mukaddes Kitapda Hudaýyň
Biz Hudaýa gulluk etmek üçin halas edildik. Mukaddes Kitapda:
Biziň üçin gutulyşy gazanjak bolup, Mesih Öz janyny tölemeli boldy. Mukaddes Kitap:
Başgalara söýgi bilen gulluk edenimizde, biz öz gutulyşymyzyň hakykydygyny subut eýdändigimizi resul Ýahýa aýdyp:
Eger mende adamlara bolan söýgi hem-de olara gulluk etme islegi bolmasa, eger diňe öz mätäçliklerim üçin ýanypbişýän bolsam, onda gowuja pikirlenip, durmuşymda Mesihiň hakykatdanam ýaşaýandygyna göz ýetirmelidirin.
Häzirki zaman mesihilik toparlarynyň arasynda «gulluk» sözüniň köplenç gaty bir dogry düşünilmeýändigini bellemek gerekdir. Köp adamlaryň pikiriçe, ol diňe el goýlan ruhy çopanlar we professional ruhanylar bilen baglanyşyklydyr, ýöne Hudaý Öz maşgalasynyň her bir agzasynyň gullukçydygyny aýdýar. Mukaddes Kitapdaky
Isa Petrusyň syrkawlan gaýyn enesini bejereninde, ol şol pursatyň özünde täzeden sagalandygyna şatlanyp
Siz Hudaýyň näme üçin Öz merhemetini kabul eden badymyza bizi Öz ýanyna Göklere almaýandygy barada haçan hem bolsa bir wagt oýlanyp görüpmidiňiz? Näme üçin Ol bizi günäli dünýäde ýaşamak üçin saklaýarka? Onuň bizi bu ýerde galdyrýandygynyň sebäbi, özümiz näme üçin niýetlenen bolsak, şony hem ýerine ýetirmegimiz üçindir. Biz gutulyş alanymyzdan soň, Hudaý biziň üstümiz bilen Öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin hereket edip başlaýar. Hudaý Öz ýygnagynda bize
Biz Hudaýa gulluk etmeklige çagyryldyk. Belki, çagalykda göwnüňize Hudaý diňe öz ömrüni ýygnaga tutuşlygyna bagyş eden adamlary missionerçilik, ruhy çopan bolma we monah gullugyna «çagyrýan» ýaly bolan bolmagy mümkin. Ýöne Mukaddes Kitapda gulluga her bir mesihiniň hem çagyrylandygy aýdylýar (Efesliler 4:4–14, Rimliler 1:6–7, 8:28–30, 1 Korintoslylar 1:2, 9, 26; 7:17, Filipililer 3:14, 1 Petrus 2:9, 2 Petrus 1:3). Gutulyşa çagyryş gulluga çagyryşy hem göz öňünde tutýandyr. Bu şol bir zatdyr. Nirede we kim bolup işleseňizem siz
Mukaddes Ýazgyda:
Öz çagyrylan wezipämizi ýerine ýetirmek we beýleki imanlylara durmuşda kömek etmek üçin hem biziň ýygnak maşgalasynyň bir bölegi bolmagymyz gerekdir. Mukaddes Kitapda:
Ýygnakda hem ähmiýetsiz gulluk bolýan däldir. Olaryň käbirleri hemmelere görünýändir, beýlekileri bolsa perdäniň aňyrsynda galýandyr, ýöne olaryň hemmesi-de, gymmatly hem ähmiýetlidir. Hakykatynda uly bolmadyk ýa-da göze ilmeýän gulluklar iň wajyp gulluk bolýar duruberýär. Meniň öýümdäki iň esasy çyra myhman otagdaky ullakan lýustra däl-de, kiçijik gijeki çyradyr. Ol gije ýerimden turanymda maňa garaňkylykda büdremezligime kömek edýär. Möçberleriň we ähmiýetliligiň arasynda tapawut bolýan däldir. Gulluklaryň her biri-de wajypdyr, sebäbi öz rolumyzy bolmalysy ýaly ýerine ýetirmek üçin biri-birimize garaşlydyrys, biri-birimize gerekdiris.
Bedenimiziň haýsy-da bolsa bir agzasy işlemegini bes etse näme bolýar? Biz keselleýäris. Bütin bedenimiz ejir çekýär. Göz öňüne getirip görüň, bagrymyz birden diňe özi üçin ýaşama kararyna gelip: «Besdir, men ýadadym! Bütin bedene hyzmat etmek islemeýärin! Hiç zat etmän, iýip-içip, ösmek üçin bir ýyllyk zähmet rugsadyny aljak. Men ýekeje gezek öz-özümiň aladamy etmeli ahyryn! Goý, meniň işimi başga biri etsin!» diýse näme bolýar? Siziň bedeniňiz öler. Häzirki döwürde müňlerçe ýygnaklar täze gelen mesihileriň gulluk etmek islemeýändikleri sebäpli ölýärler. Olar bolýan zatlara passiwlik bilen seredip, yzky oturgyçlarda oturýarlar, Beden bolsa egir çekýär.
Bize Hudaýa gulluk etmeklik tabşyryldy. Isa:
Isa ruhy durmuşyň hiç haçan hem öz maksadymyz bolmaýandygyny aýtdy. Ol gulluk etmek üçin gerekdir. Biz bermek üçin ösýäris. Ol gezekden bu gezege hemme zady köp bilmeklik ýeterlik däldir. Sözleýän sözlerimiz edýän işlerimiz bilen çapraz gelmez ýaly, öz bilimimize laýyklykda hereket etmelidiris. Öz ornuny tapmadyk bilim bilen täsirler bizi depressiýa kowup eltýändir. Gulluk etmezden öwrenjek bolmaklyk durgunlylyga alyp barýandyr. Jelile köli bilen Öli deňziň arasyndaky deňeşdirme şol öňküsi ýaly hakykylygyna galýandyr. Jelile köli ýaşaýyşdan doludyr, sebäbi ol diňe bir özüne suw bermek bilen çäklenmän, eýsem, suwy berýärem. Öli deňizde tersine, hiç hili ýaşaýyş ýokdur. Ondan hiç hili derýa çykmaýar. Ol durgunly bolup galan we hakykat ýüzünde ölidir.
Häzirki imanlylara öz durmuşynda köpräk ýygnaklaryň we okuwlaryň bolmagy
Gulluk etme biziň tebigy höweslerimize garşydyrlar. Biz wagtymyzyň aglaba böleginde
BAKYÝETE TAÝÝARLYK
Ýerdäki ýaşaýşyňyzyň ahyry gelende, siz Mesihiň öňünde durarsyňyz. Şonda Ol siziň başgalara gowy gulluk edendigiňize ýa-da däldigiňize sereder. Mukaddes Kitapda:
Şol gün egoizmimiziň: «Men gaty işlidim» ýa-da «Meniň öz maksadym bardy», «Meniň işim başymdan agdykdy, güýmenjeler we gowy pensiýa almak üçin pully işde işlemek bilen gümradym» diýen ýaly islendik aklanmasy ownuk hem biderek bolar. Hudaý bu zatlaryň hemmesine: «Bu Meniň isleýän zadym däl. Men seni ýaratdym, halas etdim, çagyrdym-da, öz ömrüňi gulluga bagyş etmekligi tabşyrdym. Bu ýerde düşünmez ýaly näme bar?» diýip jogap berer. Mukaddes Kitap imansyzlara:
Biz diňe başgalara kömek edenimizde doly durmuşda ýaşaýandyrys. Isa:
GULLUK ETME WE ÄHMIÝETLILIK
Siz durmuşyňyzy hökmany suratda näme-de bolsa bir zada bagyş edýärsiňiz. Ýöne nämä — işemi, sportamy, gowy görýän güýmenjäňizemi, şöhrat agrtarmaklygamy, baýlyk toplamaklygamy? Bu maksatlaryň ýekejesi-de geçip gitmeýän ähmiýete eýe däldir. Hakyky ähmiýetlilige barýan ýol gulluk etme bolup durýandyr. Hut şunuň arkasyndan hem biz özümiz üçin durmuşyň manysyny açýarys. Mukaddes Kitapda:
Hudaý biziň her birimiziň adamzat taryhyna bir zat goşmagymyzy isleýär. Ol biziň üstümiz bilen hereket edýär. Durmuşda dowamlylyk däl-de, hasyllylyk; näçe ýaşandygymyz däl-de, nähili ýaşandygymyz wajypdyr.
Eger hiç hili gulluga gatnaşmaýan bolsaňyz, özüňiziň şu wagta çenli passiw bolandygyňyzy näme bilen aklarsyňyz? Ybraýym garrydy, Ýakup özüne ynamsyz bolmadan ejir çekýärdi, Leýa owadan däldi, Ýusup doganlary tarapdan özüne garşy güýç ulanylmany we adalatsyzlyk edilmäni başdan geçirmeli boldy, Musa sakawlaýardy, Gedegonyň puly ýokdy, Şimgon bile garaşlylykdan ejir çekýärdi, Rahaw köçeki aýaldy, Dawut binika gatnaşyga baş goşdy, şonuň üçin hem soňunda her hili maşgala kynçylyklaryny düzetmeli boldy, Ylýas öz-özüne kast etjek boldy, Ýeremýa depressiýa düşdi, Ýunus asla gulluk etmek islemedi, Noýemin adamsyny ýitirdi, Ýahýa Çokundyryjy, sypaýyçylyk edip aýtsak, birgeňsiräk hem adaty däl adam bolupdy. Petrus derrew islendik içki duýga özüni aldyryp, sähelçe zada özünden çykyberýärdi, Marta çendenaşa birahat bolýardy, samariýaly aýal bäş gezek äre barypdy, Zakkaýy gowy görmeýärdiler-de, ýigrenýärdiler, Tomas şübhelenýärdi, Pawlus ejiz saglygy bilen tapawutlanýardy, Tomas bolsa çekinjeňligi bilen tapawutlanýardy. Näme diýmeli, gulluga gatnaşmazlyk üçin birgiden bahana bar. Şeýle-de bolsa, Hudaý bu adamlaryň her biriniň üsti bilen uly işleri etdi. Eger özüňizi aklamaňyzy we işden sypjak bolmagyňyzy bes etseňiz, Ol siziň gullugyňyzyň üsti bilen hem örän köp işleri edip biler.
Oýlanmak üçin hakykat: Bizde: «gulluk etmelimi ýa-da etmeli dälmi» diýen saýlaw ýokdur.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Meni Hudaýyň çagyryşyny kabul etmekden näme saklaýarka?
30-njy gün
Hudaýa gulluk etmek üçin ýaradylanlar
Eýýup 10:8
Işaýa 43:21
Biz Hudaýa gulluk etmek üçin ýaradyldyk we emele getirildik.
Hudaý planetadaky her bir janly-jandaryna özüniň aýratyn «başarjaňlylyk sferasyny» sowgat berdi. Käbir jandarlar tiz ylgaýar, käbirleri uzak aralyga böküp bilýär, käbiri ýüzýär, käbiri ýeriň aşagyndan geçelge gazýar, käbirleri bolsa uçýarlaram. Her jandaryň öz ýaradylyşyna we gurluşyna görä, öz roly bardyr. Adamlar barada hem edil şunuň ýaly zatlary aýtmak bolar. Hudaý biziň her birimizi üýtgeşik bir zat edip bilerimiz ýaly, üýtgeşik edip ýaratdy —
Täze binanyň proýektini düzmezinden ozal islendik arhitektor hem özüne: «Bina nämä niýetlenen? Ony nädip ulanmakçy bolýarlar?» diýen soragy berýändir. Bina başda nämä niýetlenilse, onuň şekilini şol hem kesgitleýändir. Hudaý sizi ýaratmazyndan ozal, ýerde haýsy roly oýnajakdygyňyzy belledi. Ol siziň Özüne nähili gulluk etjekdigiňizi öňünden çyzyp, özüňiziň ýerine ýetirmeli bolan ýumuşlaryňyza laýyklykda ýaratdy. Siziň häzirkiňiz ýaly bolmagyňyzyň sebäbi, Hudaýyň sizi belli bir gulluk üçin ýaradandygyndadyr. Mukaddes Kitapda:
Hudaý Özüne düýbünden üýtgeşik tär bilen gulluk ederiňiz ýaly, sizi bilgeşleýin we belli bir niýet bilen düzdi we emele getirdi. Ol siziň gaýtalanmazlygyňyzy ýaratmak üçin talap edilýän DNK-nyň düzümini dykgat bilen seredip saýlady. Hudaýyň hemme ownuk-uşak zatlara we jikme-jikliklere berýän adaty bolmadyk we şahsy ünsüni şöhratlandyryp, Dawut:
Hudaý bizi dogulmazymyzdan ozal oýlap tapyp, emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, bizi Özüniň maksadyna laýyklykda ýasamak üçin ömrümiziň ähli günlerini ýazdy. Dawut şol mezmurynda:
Hudaý hiç zady-da hiç haçan ýöne ýere edýän däldir. Eger Öz şöhraty üçin ulanmaklygy niýet edinmedik bolsa, onda Ol size sowgat, ukyp, gyzyklanma, zehin, üýtgeşik şahsyýet bolmaklygy we diýseň üýtgeşik durmuş tejribesi sylagyny bermezdi. Şonuň üçin Hudaýyň özüňize näme sylag berendigini kesgitleseňiz we muňa düşünseňiz, onda munuň kömegi bilen Hudaýyň öz durmuşyňyz babatdaky erkini bilersiňiz.
Mukaddes Kitapda biziň
HUDAÝ BIZI NÄDIP GULLUK ÜÇIN ÝETIŞDIRÝÄR
Hudaý bizi her gezek haýsydyr bir işe çagyranda, Ol şol işi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan zatlaryň hemmesi bilen hökman üpjün edýär. Bu ukyp bilen başarnygyň sazlaşygy bolup, siziň gaýtalanmazlygyňyzy kesgitleýär:
Ruhy sylaglar
Entuziazm
Ukyp we zehin
Şahsy aýratynlyklar
Tejribe
BIZIŇ AÝRATYNLYGYMYZYŇ KOMPONENTLERI: Özümiziň
Hudaý her bir mesihä gullugynda ulanmagy üçin ruhy sylaglary berýär (Rimliler 1:24–8, 1 Korintoslylar 12, Efesliler 4:8–15, 1 Korintoslylar 7:7). Özüne gulluk etmek üçin niýetlenilen, Hudaý tarapyndan ruhlandyrylan bu aýratyn ukyplar diňe imanlylara berilýändir. Mukaddes Kitapda:
Ruhy sowgatlary gazanyp ýa-da oňa mynasyp bolup bolmaýar, şonuň üçin hem olar
Hudaýa dürlüligiň ýaraýandygy sebäpli, Ol her birimiziň gaýtalanmazlygynyň üstünde perwana bolýar. Gürrüňsiz hemme kişä berilýän birmeňzeş sowgat ýokdur (1 Korintoslylar 12:29–30). Edil şunuň ýaly, bir mesihi
Size ruhy sylaglaryň üýtgeşik sazlaşygy diňe öz bähbidiňiz üçin berilmedi-de,
Her gezek ruhy sylaglar hakyndaky şu ýönekeý hakykaty ýatdan çykaranymyzda, ýygnakda ýakymsyz zatlar başlanýar. Giňden ýaýran iki mesele — bu
Kawagt beýleki faktorlaryň zeleline ruhy sylaglar juda wajyp ähmiýet berilmeli bolýar. Hudaý munuň kömegi bilen bizi gulluk üçin ýetişdirýär. Sylaglar Hudaýyň öz gullugymyz babatdaky islegini kesgitlemekdäki esasy pursatlaryň
BIZIŇ AÝRATYNLYGYMYZYŇ KOMPONENTLERI:
Siz nämä aýratyn
Başga sözler bilen aýtsak, bize öz ýüregimizi diňlemek gerekdir. Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitapda:
Ýüregiňiz siziň hakyky «men»-iňizi şöhlelendirýändir. Ol töweregiňizdäkileriň çaklaýan ýa-da ýagdaýlaryň mejbur edýän adamy däl-de,
Fiziki nukdaýnazardan alanda biziň her birimizde diňe bir barmaklarymyzyň gaýtalanmajak yzy, gözlerimiziň inçe özboluşly gurluşy, düýbünden üýtgeşik ses tembri bolman, eýsem, ýüregimiziň iýmiti-de üýtgeşikdir. Biziň her birimiziň ýüregimiz azajyk özboluşly urýar. Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardarça adamyň hiç biriniň hem ýüreginiň edil biziňki ýaly urmaýandygy aklyňy haýran edýän zatdyr.
Mundan başga-da, Hudaý biziň her birimize aýratyn
«Ýürek faktoryny» ýene-de
Çagalykda, belki, özüňiz üçin gyzykly bolan temanyň ýa-da bir zadyň, maşgalaňyzdakylaryň hiç haýsysyny-da gyzyklandyrmaýandygyny bilensiňiz. Bu gyzyklanma nireden geldikä? Hudaýdan. Hudaý munuň ýaly doga gyzyklanmadan sizi ýöne ýere doldurmady. Siziň emosional ýürek urşuňyz öz gullugyňyzyň özenini we formasyny kesgitleýän ikinji faktor bolup durýandyr. Öz gyzyklanmalaryňyzy äsgermezlik etmek gerek däldir. Olary Hudaýyň şöhraty üçin nädip ulanmalydygynyň pikirini ediň. Bu zatlary size tötänden ýaranok ahyryn!
Mukaddes Kitap bizi ýene bir gezek
Özümiziň Hudaýda bütin ýüregimiz bilen gulluk edýändigimizi ýa-da däldigimizi biz nädip bileris? Munuň ýaly gullugyň ilkinji alamaty — bu
Hudaýa bütin ýüregimizden gulluk edýändigimiziň ikinji alamaty — bu effektiwlikdir. Hudaýyň özümiz üçin aýratyn höwesli edip bellän işini edip başlanymyzda, ussatlyk toplaýarys. Entuziazm bizi kämillige tarap jan etmeklige mejbur edýär. Eger haýsydyr bir iş özümizde gyzyklanma döretmeýän bolsa, biz şol işe höwes bilen ýapyşmarys. Adam durmuşyndaky islendik ulgamda iň meşur bolan adamlar işi öz bähbidi ýa-da borç duýgusy bilen edýänler däl-de, işi öz höweslerine eýerip edýän adamlar ussat bolarlar.
Men adamlardan: «Hawa, men häzirki işimi ýigrenýärin, ýöne şonda-da ol işde köp pul gazanmak we günleriň birinde ahyrsoňy göwnüme ýaraýan iş bilen meşgullanmak üçin işleýärin» diýen sözleri az eşitmedim. Bu ullakan ýalňyşlykdyr. Ömrüňiziň iň gowy ýyllaryny öz ýüregiňiziň ymtylyşyny asla görkezmeýän işe sowurmaň. Ýatda saklaň, durmuşdaky iň wajyp zatlar — bu
Özüňiziň «normal adamlaryň hemmesi ýaly» ýaşaýandygyňyz bilen köşeşmek gerek däl, sebäbi bu az bolýar. Ahyr netijesinde material üpjünçilik size hakyky kanagatlanmany getirmez. Hatda sizde
Oýlanmak üçin hakykat: Men Hudaýa gulluk etmek üçin ýaradyldym.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men adamlara hakyky entuziazm we şatlyk bilen adamlara edip boljak gullugy göz öňüne getirip bilerinmi? Bu nähili gullukka?
31-nji gün
Öz aýratyynlygyňa düşünip
Zebur 139:13
Özüňiziň bolşuňyz ýaly diňe siziň özüňiz bolup bilýärsiňiz.
Hudaý biziň her birimizi dünýäde ikinji görnüşimiz bolmaz ýaly edip ýaratdy. Başga bir ýekeje adamda-da dürli faktorlar gaýtalanmajak sazlaşykda gabat gelmez. Bu Hudaýyň bize niýetlän roluny başga hiç kimiň hem oýnap bilmejekdigini aňladýar. Eger siz Mesihiň Bedenine özüňiziň aýratyn goşandygyňyzy goşmasaňyz, ony Bedeniň başga hiç bir agzasy-da goşup bilmez. Mukaddes Kitapda:
BIZIŇ AÝRATYNLYGYMYZYŇ KOMPONENTLERI: Öz
Ukyplar — bu özüňiz bilen bile doglan tebigy zehinleriňizdir. Käbir adamlar örän aňsatlyk bilen gürleýärle we ýazýarlar. Şonda olar göni gundagdaka gürläp başlan ýaly bolup görünýärler. Başga birlerinde sporta bolan tebigy ukyby bolýar. Olaryň fiziki kordinasiýasy haýran galdyryjy bolýar. Käbirlerine sifrler we sanlar bilen işlemek, kyn mehaniki konstruksiýalardan baş alyp çykmak ýa-da saz guralyny çalmak gowy başardýar.
Hudaý Çadyry gurmaklygy we onuň sežde etmek üçin zerur bolan ähli zatlaryny taýýarlamagy ýüregine düwende, ysraýyl halkynyň arasynda
Biziň ukyplarymyzyň hemmesi Hudaýdandyr. Hatda günä etmeklige tarap öwürýän ukyplarymyzam bize Hudaý tarapyndan berlendir, ýöne olary günäli maksatlarymyz üçin ulanyp, biz olardan hyýanatçylykly peýdalanýarys. Mukaddes Kitapda Hudaýyň her birimize näme-de bolsa bir zady örän gowy edip bilmegimiz üçin ukyp berendigi aýdylýar (1 Korintoslylar 12:6). Tebigy ukyplarymyzyň hem bize Hudaý tarapyndan berlendigi sebepli, olar hem ruhy sylaglar ýaly «ruhydyrlar». Ýeke-täk tapawut ukyplarymyzyň bize doglanymyzda berilýändigindedir.
Köplenç adamlar özlerinde teklip edere zadyň ýokdugyny, hiç hili ukybynyň ýokdugyny bahana edip, ýygnaga gulluk etmekden sypmaga çalyşýarlar. Ýöne bu duranja boş gürrüňdir! Biziň her birimiziň içimizde onlarça, hatda ýüzlerçe-de ellenilmedik, bilinmedik we talap edilmese-de berlen zehinler gizlenip ýatandyr. Geçirilen köp derňewler adaty ortaça adamda 500–700 dürli başarnygyň bardygyny görkezdi. Bu bolsa biziň pikir edişimizden gaty köpdür.
Mysal üçin, biziň beýnimiz öz içinde 100 trillion fakty ýerleşdirip bilýär. Ol bir sekuntda, aýdaly, iýmit siňdiriji sistemamyz işleýärkä, 15 müň çözgüdi kabul edip bilýär. Biz 10 müň dürli ysy alyp bilýäris. Biz bary-ýogy 0,0001016 sm galyňlykdaky predmeti görüp bilýäris, dilimiz bolsa, suwuň düzümindäki hinini, hatda suwdaky hininiň möçberi suwuň möçberinden iki million gezek az bolsa-da, duýup bilýär. Siziň özüňiz hem ukyplaryň adaty bolmadyk sazlaşygy, Hudaýyň geň galdyryjy ýaradylyşysyňyz. Bu zatlaryň hemmesinden-de başga, siziň öz ukybyňyzy kesgitlemäge we ony Hudaýa edýän gullugyňyzda ulanmaklyga kömek etmekde ýygnak jogapkärçilik çekýändir.
Islendik ukyby-da Hudaýyň şöhraty üçin ulanmak bolar. Pawlus:
Hudaý käbir adamlary köp pul gazanma ukyby bilen üpjün etdi. Musa ysraýyllylara:
Eger bir zat etmegi başarýan bolsam, onda Hudaý şonuň bilen hem meşgullanmagymy isleýär. Özüňizden başga ýer ýüzündäki ýekeje adam hem siziň sylagryňyzy sazlaşdyryp ulanyp bilmeýär. Başga hiç kim hem siziň roluňyzy oýnamaga ukyply däldir, sebäbi onda Hudaýyň diňe size sowgat beren gaýtalanmajak aýratynlygy ýokdur. Mukaddes Kitapda Hudaýyň
Eger Hudaý size saz ukybyny bermedik bolsa, Onuň sizden opera sahnasynda üstünlige garaşjakdygy gümanadyr. Ol hiç haçan hem size ukybyňyz bolmadyk işi buýurmaz. Başga bir tarapdan sizdäki
Ukyplar bize diňe bir durmuşda gazanç etmek üçin berlen däldir. Olar bize gulluk etmegimiz üçin berlendir. Resul Petrus:
Şu kitap ýazylýarka «Seddlbek» ýygnagyndaky ýedi müň adam biri-birine we bütin ýygnaga göz öňüne getirip bolaýjak her hili hyzmatlary edip, ukyplaryny ýygnaga edýän hyzmatlarynda ulanýardy. Olar mätäçlere kömek etmek üçin ulanylan maşynlary bejerýärler, ýygnak üçin bir zat gerek bolsa, amatly hyzmatdaşlary gözleýärler, ýygnagyň territoriýasyny abadanlaşdyrýarlar, ýygnaga gelýän maglumarlaryň akymyny guraýarlar, suratlar çekýärler we ýygnak üçin dürli programmalary oýlap tapýarlar. Çäreleri planlaşdyrýarlar we ýygnak binalarynyň proýektlerini düzýärler, medisina kömeklerini edýärler, nahar bişirýärler, aýdym ýazýarlar we başgalara saz çalmagy öwrenýärler, geljek üçin ullakan planlar düzýärler, sport komandalaryny türgenleşdirýärler, wagyz etmäge taýýarlanmak üçin mesihilik kitaplaryny okaýarlar ýa-da biziň ýygnagymyzyň materiallaryny başga dillere terjime edýärler. Mundan başga-da ýüzlerçe takyk işleriň adyny aýdyp bolýar. Biz ýygnagymyzyň täze agzalaryna: «Nähili ukubyňyz bar bolsa, siz ony öz ýygnagyňyz üçin ulanmalysyňyz!» diýýäris.
BIZIŇ AÝRATYNLYGYMYZYŇ KOMPONENTLERI: Öz
Biz her birimiziň
Bu zatlaryň hemmesini deňär ýaly zadyňyz bolar ýaly, bir gyzykly fakty getirýärin: käbir alymlar älemde bar bolan ähli bölejikler 10 üsti 76-dan ýokary däl diýip çaklaýarlar. Bu bolsa biziň DNK-myzyň içindäki her dürli utgaşyjylygyň sanyndan ep-esli azdyr. Biziň ýeke-täkligimiz — bu ylmy faktdyr. Hudaý sizi ýaratmak bilen düýbünden gaýtalanmadyk bir zady dünýä inderýändir. Ýer ýüzünde hemme zatda size meňzeş bolan ýekeje adam bolanam däldir, bolmazam.
Töweregimize göz aýlanymyzda, Hudaýa dürlüligiň ýaraýandygyny görmek kyn däldir. Ol biziň her birimizi şahsy aýratynlygymyzyň üýtgeşik sazlaşygy bilen ýaratdy. Hudaý
Mukaddes Kitapda Hudaýyň her hili temperamentli adamlaryň üsti bilen işländigine şaýatlyklar köpdür. Petrus sangiwinik, Pawlus bolsa halerik, Ýeremýa melanholik bolupdyr. Mesihiň on iki şägirdiniň arasynda görkezilen temperamentlere garasak, onda olaryň arasynda näme üçin jedelleriň ýüze çykandygy derrew düşnükli bolýar duruberýär.
Gullukda «erbet» ýa-da «gowy» temperament bolmaýar. Ýygnagy deňagramly etmek, oňa hereketlilik we görnüklilik bermek üçin her dürli häsiýet gerek bolýar. Eger daş-töwerek diňe şol bir süýji waniliň tagamynda we reňkinde bolan bolsa, dünýä diýseň içgysgynç bolardy. Bagtymyza dünýäde doňdurmanyň görnüşlerinden-de köp görnüşli adamlar bar.
Siziň şahsyýetiňiziň aýratynlygy öz ruhy sylaglaryňyzy we ukyplaryňyzy
Agajy süýmüň garşysyna däl-de, ugruna işlemekligiň aňsat bolýandygyny agaç ussalary bilýändir. Adamlar babatda-da şunuň ýalydyr. Eger adam öz temperamentine çapraz gelýän gullugy alyp barmaga mejbur bolsa, onda oňaýsyzlyk we dartgynlylyk peýda bolar. Oňa bu işe hemişe goşmaça tagallalary we wagty sarp etmek gerek bolýar, ýöne şonda-da netije şol öňküligine galýar. Şonuň üçin başga bir adamyň gullugyny edil özüniňki ýaly edip almak size başartmaz, sebäbi siziň häsiýetiňiz bilen temperamentiňiz
Witraždaky reňkli aýnanyň bölejikleri ýaly, biziň dürli temperamentlerimiz we häsiýetimiz Hudaýyň nuruny dürli öwüşginlerde we şekilde şöhlelendirýär. Munuň arkasyndan Hudaýyň maşgalasy çuňluga we köptaraplylyga eýe bolýar. Mundan başga-da, bu biziň her birimiz üçin ak pata öwrülýär duruberýär, sebäbi Hudaý özüňi nämä niýetläp ýaradan bolsa şony hem etmeklik
BIZIŇ AÝRATYNLYGYMYZYŇ KOMPONENTLERI:
Köp ýagdaýlarda siziň aglaba bölegiňiz öz ygtyýaryňyzda bolmadyk durmuşy ýagdaýlar terbiýeleýär. Hudaýyň şol ýagdaýlary siziň durmuşyňyzda bolmandygyna ýol bermeginiň sebäbi, Özi sizi nähili ýaradan bolsa, şonuň ýaly hem etmekden ybaratdyr (Rimliler 8:28–29). Özüňiziň Hudaýa gulluk etmek üçin nädip çagyrylandygyňyzy kesgitlemek üçin siz geçmişiňiziň az bolanda alty görnüşli ýagdaýynyň we wakasynyň üstünde oýlanmalysyňyz:
•
•
•
•
•
•
Gulluga taýýarlamak üçin Hudaý geçmişdäki tejribäňiziň iň soňky görnüşini, ýagny başda geçiren
Bizi başgalara gulluk etmek üçin ejnamlaşdyrjak bolup, Hudaý agyryly wakalary başdan geçirmegimize ýol berýär. Mukaddes Kitapda:
Eger siz dogrudanam, Hudaýyň öz üstüňiz bilen Öz erkini amala aşyrmagyny isleýän bolsaňyz, onda güýçli bir hakykata akyl ýetirmeli
Hudaý siziň durmuşyňyzdaky agyryly şunuň ýaly wakalara daýanyp biler ýaly, sizden olary gürrüň bermeklige taýýar bolmagyňyz talap edilýär. Olary gizlemek gerek däldir; öz nädogry hereketleriňizi, ýalňyşlyklaryňyzy we gorkularyňyzy boýun almalysyňyz. Bu siziň durmuşyňyzdaky iň täsrili we hasylly gullugyňyz bolar. Adamlar ýeten derejelerimizi aýdyp öwünenimizde, ruhlanmaýarlar we goldaw tapmaýarlar-da, ejizligimiziň içinde Hudaýyň merhemetiniň kömek berendigini gürrüň berenimizde ruhlanýarlar hem-de goldaw tapýarlar.
Pawlus muňa gowy düşünýärdi, şonuň üçin hem, depressiýa bilen bolýan yzygiderli bolýan söweşler hakda dogruçyl gürrüň berýärdi.
Eger Pawlus öz şübhelerini we gaýgylaryny gizlän bolsa, onda olardan millionlarça mesihiler hiç hili peýda alyp bilmezdiler. Diňe başdan geçiren muşakgatlarymyzy gürrüň bermeklik başga adamlara ýardam edip biler. Oldos Haksli[12] şeýle diýýär: «Tejribe durmuşymyzda bolup geçýän zatlaryň arkasyndan peýda bolmaýar-da, şol zatlaryň hemmesini näme edýän bolsak, şolaryň arkasyndan hem peýda bolýar». Başdan geçirmeli bolan zatlaryňyzyň hemmesini siz näme edýärsiňiz? Gören görgüleriňiziň biderek ýitip gitmegine ýol bermäň, olary başgalara kömek etmek üçin ulanyň.
Öz aýratynlygyňyzyň bu bäş komponentine seredip geçmek bilen Hudaýyň hemme zady Öz ellerinde saklaýandygyny ýene-de aýdyň görensiňiz, özüňizi gulluga nädip taýýarlandygyna has gowy düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Eger siz öz gaýtalanmazlygyňyzy hasaba alsaňyz, bu gullugyňyzyň hasylly hem şatlykly bolmagyna mümkinçilik berer. Eger
Oýlanmak üçin hakykat: Meniň ýaly diňe özüm bolup bilýäriň.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men öz ýygnagyma nähili ukyplary ýa-da geçmişdäki tejribemi teklip edip bilerin?
32-nji gün
Hudaýyň sylaglaryny ulanyp
Rimliler 12:5–6
Dat nakyly
Hudaý biziň gowy zatlary bermegimize mynasypdyr.
Ol bizi ýöne ýere ýaratmady, şonuň üçin özümize sowgat berlen zatlaryň hemmesini iň gowy usulda ulanjakdygymyza umyt baglaýar. Ol öz ukyplarymyzy başgalaryň ukyby bilen deňeşdirip, başga birine berlen sylaglara göripçilik etmegimizi islemeýär. Munuň deregine Ol bizi bar güýjümizi özümize berlen sylaglara we ukyplara gönükdirmeklige çagyrýar.
Öz aýratynlygymyzyň garşysyna gidip, Hudaýa gulluk etmäge synanyşsak, hemme zat dartgynly we tebigy däl iş bolar, şonuň üçin özümizi-de oňaýsyz duýarys. Şonda özümize-de erbet bolar, netijelerem gaty bir umyt baglar ýaly bolmaz. Mundan başga-da, biz wagtymyzy, güýjümizi we ukybymyzy ýele sowrarys. Ýaşamanyň iň gowy usuly — bu Hudaýa özümiziň kimligimize laýyklykda gulluk etmekdir. Munuň üçin bize özümiziň gaýtalanmajak aýratynlygymyza düşünmegimiz, olary şatlyk bilen kabul etmegi öwrenmegimiz, olar özüniň iň beýik güýjüne eýe bolar ýaly, maksimum boýunça ösdürmegimiz zerurdyr.
ÖZ AÝRATYNLYGYŇY AÇMAK
Mukaddes Kitapda:
Öz sylaglaryňyza we ukyplaryňyza baha bermekden başlaň. Özüňiziň nämäni gowy edip bilýändigiňizi, nämäni kän bir oňarmaýandygyňyzy oýlanyp, dogry biliň. Pawlus bize:
Özüňizden: «Öz durmuşymyň haýsy ulgamynda men
Öz sylaglaryňy we zehiniňi kesgitlemegiň iň gowy usuly — bu özüňi gullugyň dürli ulgamlarynda synlap görmekdir. Men ýaşlykda testleriň we sorag kagyzlarynyň her hili görnüşiniň onlarçasyny dolduryp bilýärdim, ýöne şonda-da özümde mugallymçylyk sylagynyň bardygyny bilmezdim, sebäbi şol wagtlar men hiç kimi-de okatmaga synanyşyp görmändim. Men gelip, seminar geçirme ýa-da wagyz etme çakylyklaryny kabul edip başlanymdan soň, öz çykyşlarymyň miwesini gördüm, başga adamlardan tassyklama aldym we «Hudaýyň özüme hakykatdan hem şu sylagy berendigine» düşündim.
Köp kitaplarda: «Nähili sylaglara eýedigiňizi biliň, şonda özüňiziň haýsy gulluga gatnaşmalydygyňyzy bilersiňiz» diýp, öz sylaglaryňa akyl ýetirme prosesi başaşaklygyna agdarylýar. Aslyýetinde, hemme zat tersine bolýar. Diňe gulluk edip başlaň, özüňizi dürli gulluklarda synap görüň, bu işleriň prosesinde Hudaýyň özüňize näme sylag berendigine düşünersiňiz. Gulluga gatnaşyp başlaýançaňyz, öz ukyplaryňyz barada hiç zat bilmersňiz.
Sizde, elbetde, onlarça gizlin sylaglar we zehinler bardyr. Siz olar hakda pikir hem edýän dälsiňiz, sebäbi hiç haçan olary ulanyp görmändiňiz. Şonuň üçin men size ozal meşgullanyp görmedik zatlaryňyzy edip görmekligi maslahat berýärin. Näçe ýaşyňyzdadygyňyzyň tapawudy ýok, barybir eksperiment geçmegiňizi dowam etdiriberiň! Men özlerinde ýetmiş, hatda segsen ýaşynda-da gizlin zehinleri tapan adamlaryň köpüsini tanaýaryn. Meniň bir tanyş zenanym togsan ýaşynda. Ol şäherdäki höwesjeň ylgawa üstünlikli gatnaşýar. Ýöne ol özüniň sporta bolan söýgüsiniň bardygyny baryp ýetmiş sekiz ýaşynda bilýär.
Ilki öz sylaglaryňy kesgitlemeli, şondan soň haýsydyr bir ýygnaga öz kömegiňi teklip etmeli diýip pikirlenmek gerek däldir. Diňe gulluk edip başlaň, boldy! Sylaglar ýygnaga gulluk edip başlaýşymyza görä ýüze çykyp başlaýar. Sapak geçirmäge, nähilidir bir çäreleri guramaga, saz toparynda saz çalmaga ýa-da ýetginjekler bilen işlemäge synanyşyň. Dürli ulgamdaky işlerde synap görýänçäňiz, zehiniňiziň üstüni açyp bilmersiňiz. Eger bir zat ugruna bolmasa, bu gutardygydyr diýip pikir etmeli däl-de, synagyňyzy «eksperiment» diýip atlandyryň. Siz wagtyň geçmegi bilen özüňiziň bir işi gowy edip bilýändigiňizi görersiňiz.
Öz şahsy aýratynlygyňyzy we bähbidiňizi hasaba alyň.
Özüňiziň geçmişdäki tejribäňiz barada pikirleniň-de, ondan alan sapagyňyzy çykaryp alyň. Ünsli nazaryňyzy öz durmuşyňyza aýlaň-da, durmuşyňyzyň özüňizi nähili adam edendigi hakda pikirleniň. Musa ysraýyllylara: «…
Geçmişden sapak almak üçin wagt talap edilýär. Hudaý bilen ýekelikde galyp, öz durmuşyňyza syn geçirmek, saklanyp, geçmişiňizdäki her hili aýgytly pursatlarda Hudaýyň nähili hereket edendigine seretmek, Onuň şol sapaklary başgalara kömek bolar ýaly nädip ulanmak isleýändigi barada pikirlenmek üçin bütin bir dynç alyş gününi bellemekligi maslahat berýärin. Eger size kömek gerek bolsa, onda bizde ýörite materiallar bardyr.
ÖZ AÝRATYNLYGYŇYZY ŞATLYK BILEN KABUL EDIŇ
Hemme zatdan özümiz üçin nämäniň gowy bolýandygyny bilýändigi sebäpli, Onuň özümize beren sowgadyny minnetdarlyk bilen kabul etmelisiňiz. Mukaddes Kitapda:
Biziň şahsy aýratynlygymyz Hudaý tarapyndan Öz maksatlary üçin özünden bellenilipdi, şonuň üçin Ondan gaty görmek hem-de öz «meniňi» ret etmek gerek däldir. Özümizi başga birine meňzetjek bolmanyň deregine, Hudaýyň diňe özümize beren aýratynlygyna şatlanmalydyrys. Mukaddes Kitapda:
Köplenç öz aýratynlygyňy kabul etmeklik öz mümkinçilikleriňiň çäklidigini boýun almakda jemlenen bolýar. Biziň ýekejämiz hem sylaglaryň hemmesini alyp bilmeýäris we hemme zat bolmaklyga çagyrylan däldir. Her kimde belli bir rol bardyr. Pawlus öz çagyrlyşynyň hemme zady özüniň etmelidiginden ýa-da töweregindäkileriň hemmesiniň göwnünden turmakdan däl-de, Hudaýyň özüne niýetlän gullugy üçin bar güýjüni bermekden ybaratdygyna düşünýär (Galatýalylar 2:7–8). Ol:
Özüň barada
Hudaý biziň öz aýratynlygymyza guwanmagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda:
Mukaddes Kitap biziň hiç haçan hem özümizi başga biri bilen deňeşdirmeli däldigimizi duýdurýar.
Özüňi başga biri bilen deňeşdirmäniň durşuna akmaklyk bolýandygyny aýdýar. Ol:
Gullukdaky siziň aýratynlygyňyza düşünmeýän adamlar size tankydy nazar bilen seredip, sizi näme we nähili etmelidigi baradaky
Hudaýyň Pawlusyň elleri bilen şeýle uly işleri edeniniň ýene bir sebäbi, onuň tankyda üns bermekden ýüz öwrendigindedir, öz gullugyny beýleki mesihileriň zähmeti bilen deňeşdirmek islemändigindedir, öz gullugy baradaky peýdasyz jedellere gatnaşmakdan gaça durandygyndadyr. Jon Bunýanyň aýdyşy ýaly: «Eger durmuşym hasyl getirmeýän bolsa, onda meni kimiň öwýändiginiň tapawudy ýokdur. Eger durmuşymyň hasyly köp bolsa menden kimiň nägile bolýandygynyň tapawudy näme?»
ÖSMEGI DOWAM ETDIRIŇ
Mesihiň pul baradaky tymsalynda Hudaýyň özümize sowgat berlen zatlaryň hemmesini biziň gowy edip ulanmagymyzy isleýändigi göze görnüp durandyr. Öz gullugymyz has-da hasylly bolar ýaly, biz öz sylaglarymyzy we zehinlerimizi ösdürmelidiris, ýüregimizde ýanyp duran ody saklamalydyrys, häsiýetimizi berkitmelidiris, özümizdäki hakyky «meni» doly gazanmalydyrys we tejribämizi giňeltmelidiris. Pawlus filipili mesihilerden
Eger myşsalary uzak wagtlap ulanmasaň, olar güýçden gaçar we atrofirlener. Eger Hudaýyň özümize sowgat beren zehinlerini we ukyplaryny işe salmasak, edil şunuň ýaly bolýar-da, biz olary ýitirýäris. Isa bu hakykaty bellemek üçin pul baradaky tymsaly gürrüň berýär. Özüne berlen ýekeje talanty ulanmakdan gorkan hyzmatkär barada gürrüň edende hojaýyny:
Biz Göklerde Hudaýa ebedi gulluk ederis. Häzir bolsa biz şol ebedi gulluga yzygiderli «maşklaryň» we praktikanyň kömegi bilen taýýarlanýarys. Olimpiada üçin türgenleşýän sportsmenler kimin, biz şol wajyp we düýbünden başgaça bolan güne taýýarlanmagy dowam etdirýäris.
Şeýlelikde, häzir
Oýlanmak üçin hakykat: Hudaý meniň Özüne iň gowy zatlarymy bermegime mynasypdyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men Hudaýyň özüme beren zadyny nädip iň gowy tärde ulanyp bilerin?
33-nji gün
Hakyky hyzmatkärler özlerini nähili alyp barýarlar
Markus 10:43
Matta 7:16
Biz başga adamlara gulluk etmek bilen Hudaýa gulluk edýäris.
Dünýä beýikligi häkimlilik, baýlyk, abraý we jemgyýetdäki meşhur bolan dereje bilen baglanyşdyrýar. Eger adam özüne hyzmat edilmegini talap etmäge hakly bolup bilýän bolsa, onda bu onuň belli bir beýiklige ýetendigini aňladýar. Hemme zatdan öňürti özüň hakda pikir etmekligiň agdyklyk edýän häzirki zaman egoistik meýilli bolan jemgyýetinde başgalara hyzmat etme baradaky pikir ullakan bir guwanç döredip duranok.
Emma Isa beýikligi sosial dereje bilen däl-de, hut hyzmat etmeklik bilen baglanyşdyrýar. Adamlaryň arasyndaky iň beýik adamyň kimde köp hyzmatkäri bolsa şol däl-de, başgalara hyzmat edýän adamdygyny Hudaý aýdýar. Bu pikir dünýewi garaýşa şeýle bir çapraz gelýär welin, bize-de muňa doly akyl ýetirmek kyn bolýar. Bu prinsip boýunça ýaşamak barada gürrüň hem bolmaýar. Isanyň şägirtleri-de öz döwründe Göklerdäki iň hormatly ýeriň kime ýetjekdigi barada jedelleşýärler. Häzir iki müň ýyldan-da gowrak wagt geçen-de bolsa, mesihi liderleri edil şonuň ýaly edip, öz ýygnaklarynda, denominasiýalarynda we denominasionara guramalarda we ýygnaklarda derejede hem meşhurlyk ugrunda güýçli ýaryşýarlar.
Liderçilik barada müňlerçe kitaplar ýazylypdyr, ýöne hakyky hyzmatkär bolma barada welin, diýseň az kitap bar. Her kim başgalary yzyna düşürmek isleýär, ýöne hiç kim hyzmat etmek islemeýär. Biziň göwnümize adaty esger bolandan, general bolanyň gowy ýaly bolup görünýär. Hatda mesihilerem ýöne bir gullukçy ýa-da hyzmatkär däl-de,
Hudaýa gulluk etmegimiz üçin bize hakykatdanam, öz aýratynlygymyza düşünmek we ony kabul etmek gerekdir, emma öz içki tebigatyň boýunça hakyky hyzmatkär bolmaklyk ondan-da möhümdir. Ýatda saklaň, Hudaý size ukyplary we zehinleri öz göwnüňize ýaramak üçin däl-de,
Hudaý biziň şahsyýetimiziň
Öz aýratynlygyňyz size gullugyňyzy bilmeklige kömek edýär, ýöne gullugyňyza bolan garaýşyňyz beýlekilere siziň kämilligiňiziň derejesini görmäge kömek berýär. Ýygnakdan soň galyp, zaly süpürmek ýa-da oturgyçlary aýyrmak üçin hiç hili üýtgeşik zehin gerek däldir. Islendik adam hem hyzmätkär bolup biler. Munuň üçin diňe bir zat, häsiýet gerekdir.
Ýygnakda bütin ömrüňe gulluk etseňem, hiç haçan hakyky
Hakyky hyzmatkärler hemişe hyzmata taýýar bolýarlar. Hyzmatkärler birden özlerini çagyraýanlarynda işli bolmazlyk üçin öz wagtlaryny başga bir güýmenjelerdir gyzyklanmalar bilen doldurmaýarlar. Olar islendik pursatda işe girişmäge taýýar bolup durýarlar. Hyzmatkär hem edil esger kimin, birinji çagyryşda elini çermäp işe girişmek üçin, hemişe ýanyňyzda bolýandyr.
Siz islendik pursatda haýyşyna seslenmäge taýýarmysyňyz? Hudaý siziň gaharlanmajakdygyňyza ynamly bolup, düzen planlaryňyzy bozup bilermi? Hyzmatkärler haçan we nirede işlemelidiklerini saýlamaly bolmaýarlar ahyryn. Hyzmatkär bolmak — diýmek öz günüňe özüň ygtyýar etmekdir we zerur bolan wagty, planlaryňyzy bozmaklyga Hudaýa rugsat bermekdir.
Eger ertirlerine özümiziň Hudaýyň hyzmatkärleridigimizi ýatlatsak, onda garaşylmadyk ýagdaýlar öňküleri ýaly bizi gaharlandyrmasyny bes eder, sebäbi biz gün tertibimize Hudaýyň özümiz üçin taýýarlan zadyny goýýarys. Hyzmatkärler garaşylmadyk päsgelçiliklerde we hüjümlerde özlerine ýokardan gulluk etme sowgadynyň berlendigini görýärler-de, bu ugurda ýene bir türgenleşme mümkinçiliginiň özlerine miýesser edendigine begenýärler.
Hakyky hyzmatkärler başgalaryň talaplaryna üns berýärler. Hyzmatkärler hemişe başgalara hyzmat etmäge mümkinçilik gözläp ýörýärler. Olar kimdir biriniň mätäçligini gören batlaryna, derrew özümize Mukades Kitapda tabşyrylyşy ýaly, onuň üçin bir zatlar etmeklige çalyşýarlar.
Biz gulluk etmek üçin ýüze çykýan köp mümkinçilikleri deňämizden geçirýäris, sebäbi ýaltalyk edýäris hem-de bolmalysy ýaly syzgyrlygymyz ýok. Şonuň ýaly ýagdaýlar köplenç gysga wagtlyk ýüze çykýar-da, soň gaýdyp gelmesiz gaýyp bolup gidýärler. Belki, size haýsy-da bolsa bir adama hyzmat etme mümkinçiligi ýekeje gezek berlendir, şonuň üçin ondan peýdalanma mümkinçiligini deňäňizden geçiräýmäň.
Jon Uesli[13] üýtgeşik adam we Hudaýyň hyzmatkäri bolupdyr. Ol: «Başardygyňdan, eliňden gelenini edip, hemme ýerde, islendik wagtda, hemme adamlar üçin we mümkin boldugyça köp ýagşylyk et!» diýen şygar astynda ýaşaýar. Ine,
Hakyky hyzmatkärler bar bolan resurslaryny gowy edip ulanýarlar. Hyzmatkärler özlerine aklanma gözlemeýärler, işini soňa goýmaýarlar, ýagdaýlaryň gowy tarapa üýtgärine garaşmaýarlar. Olar hiç haçan: «Soň bir wagt» ýa-da «Golaýy gelende» diýmeýärler. Olar diňe etmeli zatlary edýärler. Mukaddes Kitapda:
Käbir adamlar gulluk etmäge het edip bilmeýärler, sebäbi özlerini
Belki, sizem şuňa meňzeş zady eşitmeli bolansyňyz. «Eger biz bu işi oňaryp edip bilmesek, gowusy hiç zat etmäliň». Bilýärsiňizmi, Isa hiç haçan munuň ýaly zady aýtmady. Aslynda biziň başlaýan işimiz başynda gaty bir gowy bolup durmaýar, ýöne şeýtmek bilen biz ussatlyga ýetýäris ahyryn. Biz «Seddlbek» ýygnagynda hyzmatyň ýa-da çäräniň Hudaý ak pata berer ýaly birkemsiz bolmagy hökman däl diýen prinsipe eýermäge çalyşýarys. Ýagşy — bolýar! Az sanly elitalaryň dolandyrýan kemsiz-kössüz hereket edýän ýygnagy bolmaga dyrjaşandan, hyzmata müňlerçe dürli adaty adamy çekeniň gowy.
Hakyky hyzmatkärler birmeňzeş yhlas bilen islendik ýumşy ýerine ýetirýärler. Olar näme bilen meşgullansalar-da,
Gündelik adaty işler özümiz üçin gaty pes we mynasyp däl iş bolanda, biz biz hiç haçan hem şonuň ýaly derejä ýetip bilmeris. Hudaý bizi gündelik, käwagt hem içgysgynç bolýan işlerden azat etmeýär. Bu biziň okuwymyzyň, häsiýetimiziň emele gelmeginiň bir bölegi bolýar. Mukaddes Kitapda:
Isa hapa aýaklary ýuwmak, çagalara kömek etmek, dostlaryna nahar taýýarlamak, heýwere kesellilere hyzmat etmek ýaly, başgalaryň ýigrenen işlerini etmekligi Öz üstüne alypdy. Hiç bir iş hem Isa üçin pes iş bolmandy, sebäbi Ol hyzmat etmek üçin gelipdi. Ol bu zatlaryň hemmesini Öz beýikliginiň tersine gidip etmedi-de, Özüniň hakykatdan beýik
Göze ilmeýän, kiçijik işler köplenç çyn söýgüden doly bolan ýüregi görkezýär. Kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmeklige ymtylmak hiç kimiň pikirini hem etmedik ýönekeý işlerinde ýüze çykýar. Mysal üçin, Pawlus ot ýakyp, ýoldaşlaryny ýylyndyrmak üçin odun ýygmaga gidýär (Resullaryň işleri 28:3). Şonda ol hem beýlekilerden az ýadamandy, ýöne şonda-da hemmeleriň ýagşylygy üçin hyzmat etmegi ýüregine düwýär. Hakyky hyzmatkär üçin öz mertebesinden pes bolýan iş bolmaýar.
Kämahal hyzmat etmäniň ajaýyp mümkinçilikleri iň ownujak işleriň aňyrsynda gizlenýär. Sebäbi köplenç hut ähmiýetsizje işler beýik başlangyçlaryň üstünligini kesgitleýär. Hudaý üçin daglary agdarjak bolmaň. Gündelik tabşyryklaryňyzy asudalyk bilen ýerine ýetiriň. Size niýetlenilen işlere bolsa, Hudaýyň Özi sereder. Ullakan proýektlere başlamazyňyzdan we ýyldyzly maksatlara tarap gitmezden owal Hudaýa adaty, hatda göze ilmez usul bilen gulluk ediň (Luka 16:10–12).
«Hudaý üçin beýik işleri etmeklige» teşne bolan adamlar, Oňa az zatda gulluk etmäge taýýar bolan adamlara garanda, hemişe-de köp tapylýar. Liderlik ýodasy hemişe-de dar bolýandyr, gullukçy bolmak isleýänler üçin bolsa ýer hemişe-de köp bolýandyr. Käwagt biz özümizden
Hakyky hyzmatkärler öz gullugyna wepaly hem sadyklyk bilen garaýarlar. Olar başlan zatlaryny gutarýarlar, öz borçlaryny ýerine ýetirýärler, beren sözlerinde durýarlar hem-de özlerini bagyşlan zatlaryna wepalylygy soňuna çenli saklaýarlar. Olar özlerine ýaramadyk wagty başlan işleriniň ýarysyny edip, taşlap gitmeýärler. Olara ynanyp hem-de bil baglap bolýandyr.
Wepalylyk hemişe-de seýrek gabat gelýän häsiýet bolupdyr (Zebur 12:2, Süleýmanyň pähimleri 20:6, Filipililer 2:19–20). Wepalylygyň we bagyş edilen bolmaklygyň nämedigine köp adamlar düşünýärler. Olar ýeňil agramly sözleri berýärler-de, ähmiýetsizje bahana bilen olary bozýarlar. Şonda olar şübhe-de, gynanjam duýmaýarlar, wyždanlary-da olary gynamaýar. Her hepdede ýygnaklaram, beýleki guramalaram howul-hara bir zatlar edip, kyn ýagdaýdan nädip hem bolsa bir zat edip çykmaly bolýarlar, sebäbi meýletin kömekçiler ýa-ha taýýarlyksyz bolýarlar, ýa-da asla gelmeýärlerem, hatda gelmejekdiklerini aýtmak üçin jaň hem etmeýärler.
Size bil baglamak bolarmy? Siziň yzynda durmasaňyz hem bolýan wadaňyz barmy? Ýa-da soňuna çenli alyp gitmese-de bolýan işiňiz barmy? Ýerine ýetirmesi gerek bolan kasamyňyz barmy? Bu derňewdir. Hudaý siziň wepalylygyňyzy barlaýar. Eger synagdan geçseňiz, onda gowy adamlaryň toparyna goşularsyňyz. Ybraýym, Musa, Şamuwel, Dawut, Danyýel, Timoteos, Pawlus — bularyň hemmesi-de Hudaýyň wepaly gullukçylary adyny alypdylar. Mundan başga-da Hudaý bakyýete baranymyzda, bizi wepalylygymyz üçin sylaglamaga söz berdi. Göz öňüne getiriň, günleriň birinde Hudaý size ýüzlenip: «Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, Men seni köp zatlara bellärin; agaň şatlygyna şärik bol» (Matta 25:23) diýse nähili gowy bolar!
Ýogsa-da, wepaly hyzmatkärler hiç haçan pensiýa gidýän däldirler. Olar bütin ömürlerine wepaly hyzmat edýärler. Işleýän ýeriňden pensiýa çyksaň bolýar, ýöne Hudaýa edýän hyzmatyňdan asla pensiýa çykylýan däldir.
Hakyky hyzmatkärler göze ilmez bolup galýarlar. Hyzmatkärler özlerine ünsi çekjek bolup durmaýarlar. Olar hereketleri bilen täsir galdyrjak bolmaýarlar ýa-da daşky görnüşleriniň kömegi bilen üstünlik gazanjak bolmaýarlar. Olar beýle etmäniň deregine,
Pawlus daşyndan ruhy taýdan örän uly ýaly bolup görünýän, ýöne durşuna maskarad, mekirlik, ýasama, adamlaryň ünsüni özüne çekmeklige niýetlenen hyzmatlary paş edýär. Ol munuň ýaly hyzmatlary «göze hoş görünýän» ýa-da «göz üçin edilýän» gulluk diýip atlandyrýar (Efesliler 6:5 Koloseliler 3:22). Adamlar bularyň kömegi bilen özleriniň ruhy taýdan gowudygyny görkezip, başgalarda täsir galdyrjak bolýarlar. Fariseýleriň günäsi hem edil şundady. Olar sahylygy, mätäçlere berilýän kömekleri, hatda dogalary-da töweregindäki adamlaryň öňündäki görkezme çykyşyna öwrüpdi. Isa munuň ýaly ikiýüzlüligi ýigrenýärdi, şonuň üçin hem olara duýduryş berip:
Özüňi öňe süýşürjek bolup jan etmeklik hiç haçan hem başgalara kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmeklige ymtylyş bilen utgaşýan däldir. Hakyky hyzmatkärler kimdir biriniň berekellasyny almak ýa-da el çarpyşmalary göge galdyrmak üçin etmeýärler. Olar diňe ýeke-täk Hudaýyň öňünde ýaşaýarlar. Pawlusyň aýdyşy ýaly:
Hakyky hyzmatkärler az göze görnüp ýörýärler, umumy meşhurlyga az eýe bolýarlar. Tersine, olar ellerinde baryny edip, munuň ýaly zatdan gaça durýarlar. Olar nirededir bir ümsümjek, kölegeli ýerde, perdäniň aňyrsynda gulluk etmäge taýýar bolýarlar. Ýusup munuň ajaýyp mysaly bolup durýandyr. Ol özüne ünsi çekmäge dyrjaşmaýardy. Öz işi bilen gümra bolup, ümsümjek Potypara hyzmat edip ýördi. Soň türmäniň başlygyna, nan bişirijä, baş saka hyzmat etdi. Hudaý hem onuň ýüreginiň kaýyllygyna ak pata berdi. Fyrown ony ýurtdaky ikinji adam edip goýanda-da Ýusup ýüreginde barybir hyzmatkärligine galypdy. Hatda birwagtlar özüni gulçulyga satan doganlaryna bolan gatnaşygynda-da ol hyzmätkärligine galypdy.
Gynansak-da, häzirki liderler köplenç gullugyny kiçigöwünlilik bilen başlaýarlar, ýöne soňundan meşhurlyga we abraýa eýe bolýarlar. Hemme taraplaýyn berilýän ünsler olaryň kellelerini eýeleýär-de, olar şöhrat şöhleleriniň kem-kemden adamyň gözüni gapýandygyny unudýarlar.
Belki, siz haýsydyr bir kiçijik şäherde ümsümjek we göze ilmän hyzmat edýänsiňiz. Siziň göwnüňize özüňizi hiç kim tanamaýan we gadryňyzy bilmeýan ýaly bolýandyr. Ýatda saklaň, Hudaý sizi edil şol ýere biderek ýere goýmady! Ol kelläňizde näçe saçyň bardygyny, häzirki salgyňyzy-da, gaty gowy bilýändir. Hudaýa başga bir ýerde gerek bolýançaňyz, öňki ýeriňizde boluberiň. Siziň gullugyňyz Gökdäki Patyşalyk üçin gerekdir.
ABŞ-da 750 sany Şöhrat Galereýasy bar. Her ýylda 450-den gowrak «Kim kim bolýar?» diýen terjimehal gollanmasy çap edilýär. Onda uly syýasy, maliýe, jemgyýetçilik, medeni we ylmy işgärleriň atlary sanalyp geçilýär. Ýöne siziň ol ýerde köp hakyky gullukçylara duş geljekdigiňiz gümanadyr. Hakyky gullukçy üçin meşhurlyk hiç zat hem aňladýan däldir, sebäbi ol göze görnüp duran dereje bilen hakyky ähmiýetliligiň arasyndaky tapawudy bilýändir. Biziň bedenimizde-de göze ilýän we özüne çekýän organlar hem bar. Biz olarsyz hem oňup bileris. Ýöne organizmiň içde gizlenip goýlan bölekleri hakyky çalşyp bolmajak zatlary bolup durýandyr. Mesihiň Bedeni hakda hem şuny aýtsa bolar. Göze ilmeýän gullugyň iň wajyp bolýan gezekleri-de az bolmaýar (1 Korintoslylar 12:22–24).
Göklerde Hudaý Özüniň iň ajaýyp we hiç kime belli bolmadyk hyzmatkärlerini hemmeleriň öňünde sylaglar. Biz olar hakda ýerdekäk hiç haçan hem eşitmändik. Olar terbiýelenmesi kyn bolan we emosional taýdan durnuksyz bolan çagalary okatdylar, tapdan düşen garrylara, peşewini saklap bilmeýänlere seretdiler, SPID kesellileri bejerdiler we başga-da göze ilmejek müňlerçe usullar bilen hyzmat etdiler.
Şonuň üçin töweregiňizdäkiler siziň gullugyňyzy görmeseler ýa-da oňa bolmalysy ýaly garamasalar, ruhdan düşüp, elleriňizi goýbärmäň. Hudaýa hyzmat etmegiňizi dowam etdiriň!
Oýlanmak üçin hakykat: Men başgalara hyzmat etmek bilen Hudaýa hyzmat edýärin.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Hakyky hyzmatkäri tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň haýsysy häzir meniň üçin iň kyn we ýetip bolmajak ýaly bolup görünýär?
34-nji gün
Hyzmatkär kimin pikirlenmek
Çölde 14:24
Filipililer 2:5
Hyzmat kellede başlanýandyr.
Hyzmatkär bolmak üçin başgaça pikir, garaýyşlaryň üýtgemegi we durmuşa başgaça garaýyş gerekdir. Hudaýa hemişe-de biziň
Hyzmatkärler özlerine garanda, başgalar hakda köp pikirlenýärler. Olaryň ünsi özlerine däl-de, başgalara gönügýär. Özüňi başgalardan pes hasaplaman, özüň hakda
Isa
Gynansak-da, gullugymyzyň aglaba bölegi öz göwnümizden turmaklyga gönükdirilendir. Biz adamlaryň özümize gözüniň gitmegi, başgalary özümize meňzeş etmek ýa-da öz maksatlarymyza ýetmek üçin hyzmat edýäris. Ýöne bu hyzmat däl-de, manipulirlemek bolýar, sebäbi başdan-aýak özümiz, özümiziň nähili ajaýypdygymyz we ýagşy iş edegendigimiz hakda pikirlenýäris. Käbirleri hyzmatyny Hudaý bilen: «Eger Sen meniň üçin käbir zatlary etseň, men Seniň üçin bu işi ederin» diýen ýaly, haýsydyr bir ylalaşyga öwürmäge synanyşýarlar. Hakyky hyzmatkärler Hudaýy öz maksatlary üçin ulanmaga synanyşmazlar. Olar Hudaýa
Özüňi unutmaklyk hem edil wepalylyk ýaly, gaty seýrek duş geýän zatdyr. Pawlus şunuň ýaly kiçigöwünliligiň mysalyny öz tanyşlarynyň arasynda diňe Timoteosda görýär (Filipililer 2:20–21). Hyzmatkär kimin pikirlenmeklik aňsat iş däldir, sebäbi munuň ýaly pikir meniň tebigy özenimiň esasy häsiýetine çapraz gelýär. Men özbaşyma bir egoistdirin we özümi gowy görýän adamdyryn. Men özüm hakda hemme zatdan-da köp pikirlenýärin. Ine, her gün kiçigöwünlilik üçin men näme sebäpden göreşmeli bolýan ekenim. Men bu sapagy gaýta-gaýta geçmäge mejbur bolýaryn. Her gün maňa onlarça gulluk etme mümkinçiligi berilýär, her gezegem men kime gulluk etmelidigini, kimdir birinemi ýa-da özüme gulluk etmelidigimi çözmeli bolýaryn. Gulluk etmäniň ýüregi — bu özüňi ret etmekdir.
Hyzmatkär kimin pikirlenmegi näderejede öwrenendigimizi töweregimizdäki adamlar özümize hyzmatkär hökmünde ýüzlenenlerinde şolara garaýşymyz boýunça bilmek bolar. Siziň edýän işiňize bolmaly zat hökmünde garanlarynda, size buýruk berenlerinde ýa-da gol astyndaky adam ýaly seredenlerinde, muny nähili görýärmisiňiz? Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki häzirki zaman terjimesinde bu baradaky pikir şunuň ýaly berilýär:
Hyzmatkär hojaýyn kimin däl-de, dolandyryjy kimin pikirlenýändir. Hyzmatkär dünýädäki hemme zatlaryň hojaýynynyň Hudaýdygyny ýadynda saklaýandyr. Köneäht döwründe mülkde işleri alyp barmaklyk ýa-da emläge seretmeklik tabşyrylan adama dolandyryjy diýip atlandyrypdyrlar. Ýusup Müsür gulçulygyna düşende, dolandyryjy bolup gulluk edýär. Potypar oňa özüniň tutuş öýüni ynanýar. Birazrak wagt geçenden soň, türme ýolbaşçysy oňa türmäni ynanýar. Soň bolsa fyrown tutuş ýurdunyň aladasyny onuň eline tabşyrýar. Gulluk etmeklik we emlägi pähimli paýlamaklyk el-ele berlip ýerine ýetirilýändir, sebäbi Hudaý bularyň ikisinde-de bizden wepalylyga garaşýandyr (1 Korintoslylar 4:1). Mukaddes Ýazgyda:
Hakyky hyzmatkär bolmak üçin özüňiz üçin bir gezekde hemişelik pul meselesini çözmelisiňiz. Isa:
Biziň durmuşymyzda pul başga zatlara garanda Hudaýa bäsdeş bolmaga ukyplydyr. Adamlaryň ünsüni hemme zatdan öňürti material abadançylyga bolan ymtylyşy hyzmatdan sowýar. Olar özlerine: «Ilki bilen men özümi gowuja durmuş bilen üpjün edeýin, soň Hudaýa hyzmat ederin» diýýärler. Bu akmak çözgütdir, şonuň üçin olar muňa bütin bakyýetde ökünerler. Eger meniň hojaýynym Isa bolsa, onda pul meniň hyzmatkärim bolar, eger hojaýynym emläk bilen baýlyk toplamaklyk bolsa, men olaryň guluna öwrülýärin. Gurply adam bolmaklyk günä däldir, ýöne öz baýlygymyzy Hudaýyň şöhraty üçin ulanmak islemän wagtymyzda, günä başlanýandyr. Hudaýyň hyzmatkärleri hemişe pul hakda däl-de, gutulyşy hakda köp alada edýändir.
Puluň kömegi bilen Hudaýyň biziň wepalylygymyzy synap görýändigini Mukaddes Kitap gönüden-göni aýdýar. Ine, näme üçin Isa pul hakda Göklere ýa-da dowzaha seredende-de, köp ders beren eken. Ol:
31-nji bapda men adamlaryň iki dürlüsini, ýagny Hudaýyň Patyşalygyny gurýanlary (olary Gurluşykçylar diýip atlandyrýarys) we özüne baýlyk toplaýanlary (olary Toplaýjylar diýip atlandyrýarys) agzap geçipdim. Bularyň ikisi-de işleri gaty gowy alyp barmany, täjirçiligi giňeltmäni, ylalaşyklar baglaşmagy, alyp-satmaklyk bilen meşgullanmagy, girdeji almagy birkemsiz oňarýarlar. Toplaýjylar puly her neneň köp bolsa-da, olary öz hasabyna goýmaklygy dowam etdirýärler, ýöne Gurluşykçylar oýnuň düzgünlerini düýpgöter üýtgedýärler. Olar hem köp gazanç etmeklige çalyşýarlar, ýöne olar başgalara mümkin boldugyça köp paýlamak üçin şunuň ýaly edýärler. Olar öz baýlygyny Hudaýy ýygnagyna we onuň dünýädäki missiýasyna kömek etmek üçin ulanýarlar.
«Seddlbek» ýygnagynda-da, uly hem kiçi kompaniýalaryň ýolbaşçylary we eýeleri bolan adamlar bar. Olar Hudaýyň Patyşalygyny giňeltmek we döretmek üçin bermäge mümkinçilikleri bolar ýaly, mümkin boldugyça köp gazanç etmeklige çalyşýarlar. Size hem öz ruhy çopanyňyz bilen gürleşip, ýygnagyňyzda Patyşalygy Gurujylaryň şunuň ýaly toparyny guramaklygy maslahat berýärin.
Hyzmatkärler başgalaryň näme bilen gümradygy barada däl-de, öz işi barada pikirlenýärler. Olar beýleki gullukçylar ýa-da gulluklar bilen özlerini deňeşdirmeýärler, hiç kimi tankytlamaýarlar, hiç kim bilen ýaryşmaýarlar. Olar Rebbiň özlerine buýran işi bilen meşgul bolýarlar.
Hudaýyň gullukçylarynyň arasyndaky bäsdeşlik köp sebäplere görä akylsyzlyk we logika gabat gelmeýän zat bolýar. Biziň hemmämizem bir topardadyrys. Biziň maksadymyz özümize hormat gazanmak däl-de, Hudaýy hormatlamakdyr. Biziň her birimizde özümize buýrulan ýumuş bar. Biziň her birimiz düýbünden aýratyn bolup, biri-birimize asla meňzeş däldiris. Pawlus:
Hyzmatkärleriň arasynda ownuk göripçilikler we gabanjaňlyk bolmaly däldir. Öz gullugymyz bilen meşgul bolup ýörsek, töweregimizdäkileri tankytlamaga wagtymyz asla bolmaýar. Tankyda sarp edýän wagtymyzy hyzmatymyz üçin ulansak, has hasyllyrak bolar. Marta Merýemi özi bilen deňeşdirip, Isanyň ýanynda ondan arz edende, ol hakyky hyzmatkäriň ýüregini hem pikirini ýitirdi. Hakyky gullukçylar adalatsyzlyk zerarly hüňürdemeýärler, özlerine nebsiagyryjylyk edilmegine ýol bermeýärler, başga biriniň näme üçindir gulluk bilen meşgullanmaýandygyna gaharlanmaýarlar. Olar Hudaýa ynanyp, öz işlerini dowam etdirýärler.
Rebbiň beýleki gullukçylaryna baha bermeklik biziň işimiz däldir. Mukaddes Kitapda:
Eger siz edil Mesih ýaly gulluk edýän bolsaňyz, sizi hökman tankytlarlar. Dünýä — hatda ýygnagyňam aglaba bölegi — Hudaýyň gymmatlyklaryna düşünmeýärler. Şägirtleri Isa söýginiň iň täsin galdyryjy usul bilen görkezilişinden nägile bolýarlar. Merýem özünde bar bolan iň gymmat zady, ýagny ýakymly ysly ýagy getirip, Isanyň aýagyny ýaglaýar. Şägirtler bu özüni aýamazlykly sahylykda diňe
Hyzmatkärler öz «menini» Mesihde tapýarlar. Olar Hudaýyň özlerini Özüniň beýik merhemeti bilen söýýändigini we kabul edýändigini ýatlarynda saklaýarlar. Olar özüne ynamly bolmazlykdan ejir çekýän adamlar üçin örän «kemsidiji» bolan işlere şatlyk bilen ýapyşýarlar. Şunuň ýaly rahat ynamlylygyň we özüňe sagdyn baha bermäniň iň görnükli göreldeleriniň biri-de, Öz şägirtleriniň aýaklaryny ýuwan Isadyr. Şol döwürlerde başgalaryň aýagyny ýuwmaklyk, häzirki döwürde köçede oturyp, aýakgap arassalaýjy bolmak ýaly bir zatdyr. Bu işi edýäne hormat goýulýar, ne-de sylanylýar. Emma Isa Özüniň Kimdigini bilýärdi, şonuň üçin hatda iň gara bolan iş hem Onuň özüne baha bermesini peseldip bilmedi. Mukaddes Ýazgyda:
Eger hakyky hyzmatkär bolmak isleýän bolsaňyz, öz «meniňiziň» Mesihde kök urandygyny ýatda saklamalysyňyz. Gullugy diňe ynamly bolan adamlar edip bilýändirler. Ynamsyz bolan adam hemişe başgalaryň özi hakda näme diýjekdikleriniň aladasyny edip ýörýär. Ol öz ejizliklerini ýüze çykarmakdan gorkýar-da, olary köp gatly goraýjy tekepbirligiň we gopbamsylygyň aşagynda gizleýärler. Özümizi näçe ynamsyz duýsak, başga adamlardan şonça-da köp üns we özümize hyzmat edilmegini talap edýäris we şonça-da olaryň goldawyna mätäç bolýarys.
Genri Houen: «Başga adamlara gulluk etmegi öwrenmek üçin bize olar üçin ölmek, ýagny öz gymmatymyzy we ähmiýetimizi ýat ölçeg bilen ölçemegi bes etdirmelidiris. Biz diňe şeýle etmek bilen başgalara duýgudaşlyk bildirmeklige azatlyk alýarys» diýip ýazýar. Öz «menimizi» we ähiýetimizi Mesih bilen aragatnaşyklarymyza esaslandyryp, ýat talaplaryň we talaplaryň zalymlygyndan azat bolýarys hem-de başga adamlara iň gowy tärde gulluk etme mümkinçiligini alýarys.
Hyzmatkärlere otagynyň içini eden gowy işleri üçin berlen diplomlardan we hormat hatlaryndan dolduryp asyp goýmak gerek däldir. Olara beýik derejeler we haşam eşikleri geýnip bezenmek gerek bolmaýar. Statusyň nyşanlary olar üçin boş hem peýdasyz bolup görünýändir. Olar öz ähmiýetlerini ýeten derejeleri bilen ölçemeýärler. Pawlus:
Eger birine özüniň garyndaşlyk baglanyşyklylygy bilen ajaýyp öwünme we özüniň ähmiýetliligini bellemek üçin gürrüňdeşlikde tötänden hemmelere mälim bolan ady tutma mümkinçiligi berlen bolsa, şol hem Reb Isanyň öweý dogany Ýakupdyr. Oňa Isa bilen bir öýde önüp-ösmek bagty miýesser etdi. Şeýle-de bolsa, ol öz hatynda özüni «Hudaýyň hem-de Reb Isa Mesihiň guly» (Ýakup 1:1) diýip atlandyrýar. Biz Mesihi näçe köp ýakyndan tanasak, şonça-da özümizi birinji plana süýşürmek islemeýäris.
Hakyky hyzmatkärler öz gullygynda borjy däl-de, ýagşylyk etme mümkinçiligini görýärler. Olar adamara kömek etmegi gowy görýärler. Olar Rebbe
Göz öňüne getirip görüň, eger birden dünýädäki mesihileriň hiç bolmanda onunjy bölegi birden özleriniň Hudaýyň hakyky gullukçysy bolma çagyryşyna çynlakaý garap başlasa näme bolardyka? Göz öňüne getirip görüň, näçe ýagşylyk etmek mümkin bolardy. Siz şonuň ýaly adamlaryň biri bolmaga taýýarmy? Siziň näçe ýaşyňyzdadygyňyzyň tapawudy ýok. Eger hakyky hyzmatkär kimin pikirlenip we özüňizi alyp baryp başlasaňyz, Hudaý siziň üstüňiz bilen Öz işlerini amala aşyrar. Albert Şweýser[14]: «Diňe hyzmät etmäni öwrenen adamlar hakyky bagtly adamlardyr» diýip aýdýar.
Oýlanmak üçin hakykat: Hakyky gullukçy bolmak üçin men gullukçy kimin pikirlenmegi öwrenmelidirin.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Men adatça näme barada köpräk pikirlenýärin: özüme hyzmat etmekleri baradamy ýa-da başgalara nädip hyzmat etmelidigi barada?
35-nji gün
Hudaýyň güýji biziň ejizligimizdedir
2 Korintoslylar 13:4
2 Korintoslylar 12:9
Hudaý Öz işlerini ejiz adamlaryň elleri bilen etmekligi gowy görýär.
Islendik adamda-da ejizlik bardyr. Aslynda islendik birimizde-de, fiziki, emosional, akyl we ruhy taýdan sanýetmez derejede köp nogsanlykar we ýetmezçilikler bardyr. Mundan başga-da, durmuşda öz ygtyýarymyzda bolmadyk, bar güýjümizi alýan: serişdede çäklilik ýa-da başga adamlar bilen aragatnaşyklardaky päsgelçilikler ýaly zatlar duş gelip durýar. Esasy sorag bu zatlaryň hemmesini biziň
Hudaý biziň ýetmezçiliklerimize düýbünden başgaça seredýär. Ol:
Şonuň üçin Ol biziň edýän tamalarymyza çapraz gelýän hereketi edýär. Göwnümize bolmasa, Hudaý biziň şahsyýetimiziň güýçli taraplaryna daýanmaly ýaly bolýar, ýöne Ol Öz şöhratynyň hatyrasyna ejizliklerimizi hem ulanmak isleýär.
Mukaddes Kitapda:
Adam güýji bilen özüňe göwnüň ýetmeklik Hudaýda hiç haçan hem üýtgeşik bir täsir döretmändi. Aslynda Oňa öz ejizliklerini görüp, ony dogrulyk bilen boýun alýan adamlar özlerine çekýär. Isa özüňe bolan munuň ýaly garaýşy
Mukaddes Kitapda Hudaýyň ähli nogsanlyklaryna garamazdan, adaty, kämil bolmadyk adamlaryň elleri bilen adaty bolmadyk işleri edendigi barada Mukaddes Kitapda näçe diýseň mysal bardyr. Eger Ol diňe birkemsiz adamlaryň üsti bilen hereketde bolsa, onda bu az peýdaly bolardy, sebäbi ýetmezçilikler biziň hemmämizde-de bardyr. Şeýle-de bolsa, Hudaý Öz maksatlaryny dogrudanam, ejiz we güýçsüz adamlaryň kömegi bilen amala aşyrýar. Bu bolsa biziň üçin diýseň köşeşdiriji pikirdir.
Ejizlik ýa-da Pawlusyň atlandyryşy ýaly,
Biz öz ejizliklerimiz hakda oýlananymyzda, bizde Hudaý hiç haçan hem meniň üstüm bilen hiç zat edip bilmeýär diýen netijä gelme synagy emele gelýär. Emma biziň çäkliligimiz hiç wagt Hudaýy çäklendirýän däldir. Mundan başga-da, Oňa Öz haýran ediji güýji bilen örän adaty gaplary doldurmaklyk ýaraýar. Mukaddes Ýazgyda:
Öz ejizlikleriňizi boýun alyň. Öz ýetmezçilikleriňiz barada özüňize açyk aýdyň. Kemsiz-kössüz adam bolansyran bolup ýörmegiňizi bes ediň-de, öz-özüňiziň öňüňizde dogruçyl boluň. Mundan beýläk hem özüňizi aklap we aldap ýörmäniň deregine, gowuja pikirleniň-de, şahsy ejizlikleriňizi kesgitläň. Olary hatda ýazsaňyzam bolýar. Sagdyn, normal ýaşaýyş üçin özümize nämäniň zerurdygyny iki täzeäht yglan etmesi göni görkezýär. Olaryň biri Isa Mesihe:
Öz ejizlikleriňizi arzsyz we ýazgarmasyz kabul ediň. Pawlus:
Özümiziň doga ejizliklerimizden näme üçin razy bolmalydygymyzy Pawlus düşündirýär. Birinjiden, ejizliklerimiz bizi Hudaýa bil baglamaklyga mejbur edýär. Pawlus özüni Hudaýyň azat etmedik «tikeni» barada gürrüň edende:
Mundan başga-da, ejizlikler — bu tekepbirlikden zäherlenmäniň garşysyna ulanylýan serişdedir. Pawlus:
Gedegon midiýanlylar bilen söweşmek üçin daşyna 32 müň meýletin esgeri ýygnanda, Hudaý bu goşunyň sanyny aýgytly kemeltdi. Ýogsam, ysraýyllylara 135 müň sany esgeri bolan goşun bilen söweşmek garaşýardy. Şonuň üçin her ysraýylla dört ýüz elli sany duşman düşýärdi. Munuň ýaly taktika gürrüňsiz ýeňlişe getiräýjek ýalydy, ýöne Hudaý muny etmek bilen ysraýyllylara ýeňşi öz güýçleri däl-de, Rebbiň güýjüniň berýändigini bildirmek isledi.
Bu zatlaryň hemmesinden başga-da, ejizlikler mesihileriň arasynda gatnaşyk bolmagyna ýardam edýär. Güýç özbaşdaklygy («Maňa hiç kimem gerek däl» diýen pikiri) emele getirýär. Ýetmezçiliklerimiz bolsa, biziň başga adamlaryň kömegine güýçli mätäçdigimizi görkezýär. Biz iň ejizjek sapaklarymyzy-da birikdirip işenimizde, haýran galdyryjy berk ýüp bolýar duruberýär. Wens Hawner: «Mesihiler gar dänejikleri ýaly ejizdirler, ýöne olar köpleşende we biri-birine berk ýapyşanlarynda, bütin şäheriň transportyny saklamaga-da ukyplydyrlar» diýip, gaty ýerlikli belläpdir.
Iň esasy zat hem, ejizliklerimiziň kömegi bilen duýgudaşlyk bildirme we başga adamlara hyzmat etme ukybymyz ösüp çykýar. Şeýdip, biz başgalaryň ýetmezçiliklerine üns, edeplilik we duýgudaşlyk bilen seretmekligi tiz öwrenýäris. Hudaý biziň ýerde edil Mesihiň gulluk edişi ýaly gulluk etmegimizi isleýär. Bu adamlaryň biziň ýaralarymyz arkaly şypa tapjakdyklaryny aňladýar. Siziň durmuşyňyzda iň hasylly gulluk we iň ynandyryjy sözler başdan geçiren iň çuň görgüleriňizden syzyp çykýandyr. Siziň hemmesinden beter utanýan we çekinýän zadyňyz, hiç kime görkezmek islemeýän zadyňyz, Hudaýyň başga adamlara şypa bermekdäki iň esasy guraly bolup durýandyr.
Beýik missioner Hadson Teýlor: «Hudaýyň ähli pälwanlary ejiz adamlardylar» diýýär. Musanyň kemçiligi gyzmalygyndady. Hut şol sebäpli-de, ol müsürli adamy öldürýär, On Tabşyryk ýazylan daşlary döwýär we gaýa suw bermegini sorap, söz bilen ýüzlenmegiň deregine gaharlanyp, gaýany hasasy bilen urýar. Şonda-da Hudaý Musany
Gedegon özüne pes baha bermeden we özüne bolan çuň ynamsyzlykdan ejir çekýärdi, ýöne Hudaý ony
Bu sanawy ýene-de dowam etdirip bolýar.
Öz ejizlikleriňiz hakda dogryňyzy aýdyň. Gulluk ýüregi açmaga we ejiz bolmaga taýýarlykdan başlanýandyr. Adamlardan çetleşmäni bes etdigimizçe, maskalarymyzy biri-biriniň yzyndan aýryp, öz kynçylyklarymyz barada gürrüň berip başlaýarys. Hudaý hem başgalara hyzmat etmekde biziň üstümiz bilen gitdigiçe köp hereket edip biler. Pawlus öz hatlarynyň hemmesinde şunuň ýaly açyklygyň göreldesini görkezdi. Ol aşaky zatlar barada dogrusyny aýtdy:
• Özüniň şowsuzlyklary hakda: «Isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin» (Rimliler 7:19).
• Öz duýgulary hakda: «Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir» (2 Korintoslylar 6:11).
• Öz kynçylyklary hakda: «Biz çendenaşa, çydardan agyr gelýän kynçylyga düşüp, diri galmadan hem umydymyzy üzdük» (2 Korintoslylar 1:8).
• Öz gorkulary hakda: «Men size ejizlik we gorky içinde geldim» (1 Korintoslylar 2:3).
Elbetde, goragsyz galmak örän howpludyr. Öz näzikligimizi, ýat gözler üçin durmuşymyzy açyp görkezmek biziň üçin gorkunç bolýar. Öz ýalňyşlyklarymyzyň, duýgularymyzyň, kynçylyklarymyzyň we gorkularymyzyň üstüni açmak bilen gowy bolmadyk ýagdaýa we ret edilmä duş gelmäge töwekgelçilik edýäris. Ejiz bolmaga taýýarlykda emosional taýdan azat bolma bardyr. Açyklyk stresiň derejesini peseldýär, gorkularymyzy ýaragsyzlandyrýar, azatlyga tarap edilen ilkinji ädim bolýar.
Rebbiň
Ine, näme üçin Hudaý diňe bir biziň gowy taraplarymyzyň üsti bilen däl-de, eýsem, ejizliklerimiziň üsti bilen hem hereket etmek isleýän eken. Adamlar biziň güýçli taraplarymyza seredenlerinde has-da gaýgylanýarlar-da: «Näme diýsene, ol elbetde, berekella, ýöne meniňki hiç haçan hem munuň ýaly bolmaýar» diýýärler. Ýöne olar Hudaýyň sizdäki kemçilikleriň hiç birine garamazdan siziň üstüňiz bilen hereket edýändigini görenlerinde, bu olary: «Belki, Hudaý meniň üstüm bilen hem muňa meňzeş bir zat eder» diýen pikire itekleýär. Güýç ýaryşdaşlyk döredýär, ýöne ejizlik gatnaşygyň we birligiň berkemegine ýardam edýär.
Siz irde-giçde nämä ymtylmalydygy babatda, ýagny güýjüňizde baryny edip,
Öz ejizlikleriňiz bilen magtanyň. Pawlus: «…ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok» (2 Korintoslylar 12:5) diýip ýazypdyr. Özüňizi ejizligi bolmadyk we özüne ynamly bolan adam hökmünde görkezjek bolup ýörmän, özüňizde Hudaýyň merhemetini gazanylyşy göreklige jan ediň. Özüňize şeýtan kemçilikleriňizi görkezeninde, onuň bilen ylalaşyň-da, ýüregiňizi hemme zada düşünýän hem-de
Bu zatlaryň hemmesi nämäni aňladýar? Hudaý Ýakubyň güýjüne zeper ýetirýär-de (sebäbi but myşysalary adam bedenindäki iň güýçli myşsa bolýar), ony ejizlige öwürýär. Şol günden başlap Ýakup agsak bolýar. Dýmek ol indi hiç ýere gaçyp gidip bilmeýär. Bu ýagdaý bolsa ony islese-islemese-de ony Hudaýa daýanmaklyga mejbur edýär. Eger Hudaýyň özüňize bolluk bilen ak pata bermegini we Öz maksadyny öz durmuşyňyzyň üsti bilen amalaş aşyrmagyny isleýän bolsaňyz, ömrüňiziň ahyryna çenli «agsaklygyňyza» galmaga taýýar bolmalysyňyz, sebäbi Ol ejiz, güýçsüz adamlaryň üsti bilen hereket edýändir.
Oýlanmak üçin hakykat: Öz ejizligimi boýun alanymda, Hudab meniň üstüm bilen has güýçlüräk hereket edýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Öz ejizliklerimi gizlemäge synanyşmak bilen men Hudaýyň öz durmuşymdaky güýjüni saklamaýarmykam? Başga adamlara kömek we gulluk etmäniň hatyrasyna öz kemçiliklerimi boýun almak üçin men näme etmeli?
BÄŞINJI MAKSAT
Biz öz wezipämizi berjaý etmek üçin ýaradylandyrys
Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, dana adam ynsanlary gazanýar.
36-njy gün
Biziň durmuş missiýamyz
Ýahýa 17:18
Resullaryň işleri 20:24
Siz öz wezipäňizi ýerine ýetirmek, öz missiýaňyzy amala aşyrmak üçin ýaradyldyňyz.
Hudaý dünýäde hemişe zähmet çekýär, şonuň üçin gelip, Özi bilen bile zähmet çekmeklige Ol sizi-de çagyrýar. Bu hem biziň wezipämiz, biziň missiýamyzdyr. Hudaý biziň diňe bir Mesihiň Bedenin üçin hyzmat etmän, eýsem, bütin dünýä gönükdirilen missiýada hem hyzmat etmegimizi isleýär. Hyzmat etme — bu
Siziň durmuşy wezipäňiz bir wagtyň özünde hem
Isa Özüniň ýerdäki wezipesiniň nämeden ybaratdygyna anyk düşünýärdi. Ol on iki ýaşyndaka:
Ýöne Onuň ýerdekä ýerine ýetiren wezipesi biziň missiýamyz boldy, sebäbi biz Mesihiň Bedenidiris. Biz Isanyň fiziki tende wagty eden zatlaryny dowam etdirmelidiris, sebäbi biz Onuň ruhy Bedenidiris, ýagny ýygnakdyrys. Biziň wezipämiz nämeden ybarat? Adamlary Hudaý bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Mukaddes Kitapda:
Hudaý adamlary şeýtanyň gulçulygyndan alyp çykmak we olar nämä niýetlenilip ýaradylan bolsa, şol zatlaryň hemmesini edip biler ýaly, Özi bilen ýaraşdyrmak isleýär. Olar bolsa Hudaýy söýmek, Onuň maşgalasynyň bir bölegi bolmak, kem-kemden Mesihe meňzeş bolmak, Oňa gulluk etmek we başgalara Isa hakda gürrüň bermek üçin ýaradyldylar. Biz Hudaýyň ýanyna gelen badymyza, Ol biziň üstümiz bilen başga adamlary Öz ýanyna çagyryp başlaýar. Hudaý ilki bilen bizi halas edýär, soň hem, dünýä iberýär. Ýazgyda:
BIZIŇ MISSIÝAMYZYŇ WAJYPLYGY
Ýerdäki wezipämizi ýerine ýetirmeklik — bu Hudaýyň şöhratynyň hatyrasyna ýaşalýan durmuşyň möhüm bölegidir. Biziň missiýamyzyň beýle wajypdygyny Mukaddes Kitap ýekeje gezek düşündirip goýmaýar.
Biziň missiýamyz Isa Mesihiň ýerdäki wezipesiniň dowamydyr. Isanyň şägirtleri bolandygymyz üçin biz Onuň başlan işlini dowam etdirmelidiris. Isa bizi diňe bir Öz ýanyna
Isa Özüniň beýik Tabşyrygynda:
Belki, siz muňa entek düşünen dälsiňiz, ýöne Hudaý töweregiňizdäki imansyzlar üçin jogapkärçiligi siziň üstüňize ýükledi. Mukaddes Kitapda:
Siziň missiýaňyz — bu beýik hormatdyr. Missiýamyz hakykatdanam, biziň üstümize çynlakaý wezipeleri ýükleýär, ýöne munuň bilen bir wagtyň özünde biz Hudaýyň adyndan zähmet çekmäniň uly hormatdygyny ýadymyzda saklamalydyrys. Pawlus:
Isa biziň üçin gutulyş gazandy, Öz maşgalasyna alyp bardy, bize Öz Ruhuny berdi we Özüniň ýerdäki wekilleri etdi. Nähili haýran ediji hormat! Mukaddes Kitapda:
Başga adama edip biljek iň uly hyzmatyňyz — bu oňa Hudaý bilen baky bolmany nähili edinmelidigini gürrüň bermekdir. Göz öňüne getirip görüň, tanyşlaryňyzyň birinde rak ýa-da SPID tapylypdyr diýeli. Siz hem ony nähili bejermelidigini bilýärsiňiz. Şunuň ýaly wajyp bolan maglumaty paýlaşmazlyk hakyky jenaýat işi bolardy. Ýöne tobanyň, ýerdäki durmuşyň hakyky manysynyň, ruhy rahatlygyň we ebedi ýaşaýşyň açarynyň syryny gizlin saklamak ondan-da beterdir. Bize dünýädäki iň beýik hakykat açyldy, şonuň üçin biz ony adamlar bilen paýlaşyp, olara bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty edýäris.
Mesihiler içinde Mesih bolmadyk durmuşyň nähili umytsyz durmuş bolýandygyny käwagt unudýarlar. Töweregimizdäkiler her neneň hoşal we üstünlik gazanyjy ýaly bolup görünseler-de, olar Mesihsiz gaty azaşan, Hudaý bilen ebedi aýrylma howpy abanan adamlardyklaryna galýarlar. Mukaddes Kitapda:
Biziň missiýamyz bakyýete ýaýbaňlanyp gidýändir. Biziň missiýamyza başga adamlaryň ebedi ykbaly bagly bolýar. Bu bolsa islendik işden, islendik üstünlikden ýa-da ýer ýüzündekäk öňde goýlan islendik maksatdan wajypdyr. Işde gazanylýan üstünlikler wagtlaýyn bolýandyr, biziň missiýamyz bolsa ebedi galýandyr. Beýleki adamlara Hudaý bilen şahsy aragatnaşyklary tapmaga kömek etmekden möhüm zat ýokdur.
Ine, näme üçin öz missiýamyzy ertire goýmak bolmaýan eken. Isa:
Bu siziň işiňizi taşlap, göni hoş habarçy ýa-da missioner bolmalydygyňyzy aňlatmaýar. Hudaý töweregiňizdäki adamlaryň arasynda siziň Öz Hoş Habaryna öwrülmegiňizi isleýär. Talyp, öý hojalykçy ene, çagalar bagynyň terbiýeçisi, satyjy, menejer ýa-da başga biri boluň, umuman, kim bolandygyňyzyň tapawudy ýok, siz hemişe Hoş Habary eşitmegi üçin öz ýoluňyzda goýan adamyny gözlemelisiňiz
Missiýa durmuşa many berýär. Uilýam Jeýms[15]: «Durmuşyňy özüňden köp ýaşajak zada sarp edeni has gowudyr» diýýär. Ýöne diňe Hudaýyň Patyşalygy ebedi bolýar ahyryn. Galan zatlaryň hemmesi irde-giçde ýok bolup gidýändir. Özümizi sežde etmeklige, gatnaşyga, ruhy ösüşe, hyzmata we dünýädäki öz wezipämizi ýerine ýetirmeklige bagyş edip maksada okgunly bolup ýaşamaklyk, ine, näme üçin gerek
Eger Hudaýyň özüňize tabşyran ýumşuny etmekden ýüz öwürseňiz, onda ýerdäki ýyllaryňyzy boş geçirersiňiz. Pawlus:
Hudaýyň adam taryhy babatdaky maksady öz missiýamyzy ýerine ýetirişimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäde häzirki döwürde Isanyň ikinji gezek gelmegi we ahyrzaman bilen bolan güýçli gyzyklanmalaryň bardygy duýular. Bu zatlaryň hemmesi haçan bolýar? Isa göge alynmazynyň öň ýanynda şägirtleri Oňa şu soragy berýärler. Şonda Ol hem olara:
Şägirtler pygamberligiň manysyny bilmek isleýärler, ýöne Reb gürrüňi Hoş Habary wagyz etmeklige tarap sowýar. Isa olaryň bar güýçlerini we ünslerini özleriniň ýerdäki missiýasyna gönükdirmeklerini isleýär. Aslyýetinde Ol: «Meniň gaýdyp gelmegimiň jikme-jikliklerini biljek bolmaklyk siziň işiňiz däl. Siziň hakyky etmeli işiňiz — bu Meniň özüňize ýerine ýetirmekligi buýran missiýamdyr. Şonuň bilen hem meşgullanyň» diýýär.
Mesihiň gelmeginiň möhletini biljek bolmak peýdasyz we biderek işdir, sebäbi Isa:
Biz özümiziň dünýädäki missiýamyzy berjaý etmeden aňsatlyk bilen ünsümizi sowýarys we gyra sowulýarys, sebäbi şeýtan bizi Isa Mesih baradaky Hoş Habary ýaýratmakdan başga iş bilen meşgullanmaga mejbur etmäge jan edýär. Biz Hudaý bilen bakyýetde bolmaklyga yzymyza adam düşürip alyp bardyrmajak bolup, şeýtan bize birgiden ýakymkly we bähbitli işleri bize berýär. Öz wezipäňizi ýerine ýetirip başlan badyňyza şeýtan her edip, hesip edip, ünsüňizi böljek bolmaga başlaýar. Şonda size Mesihiň:
DÜNÝÄDÄKI MISSIÝAMYZY ÝERINE ÝETIRMEKLIK BIZDEN NÄME TALAP EDÝÄR
Durmuşyňdaky wezipäňi ýerine ýetirmek üçin siz şahsy planlaryňyzdan we ymtylyşlaryňyzdan ýüz öwrüp, Hudaýyň öz durmuşyňyz babatdaky maksadyny kabul etmelisiňiz. Missiýaňyzy ýerine ýetirmekligi ýerdekäňiz edip ýetişmek isleýän beýleki zatlaryňyzyň üstüne ýöne bir «goşmak» mümkin däldir. Biz hem Isa ýaly:
Eger näme etmeli bolsa-da edip, özüňizi durmuşyňyzdaky wezipäňizi ýerine ýetirmeklige bagyş etseňiz, onda size diňe az sanly adamlaryň duýup bilýän Hudaýyň bol ak patasy garaşýar. Hudaý bütin durky bilen Hudaýyň Patyşalygynyň gullugyna berlenleriň hemmesi üçin bar zady etmäge taýýardyr. Isa:
ISA MESIH ÜÇIN ÝENE BIR ADAM
Meniň kakam köprägem kiçijik oba ýygnaklarynda gulluk edip, elli ýyldan gowrak wagtlap ruhy çopan boldy. Ol adaty wagyzçydy, ýöne öz missiýasyny hemişe ýadynda saklaýardy. Onuň gowy görýän zady kiçi toparlar bilen bilelikde başga ýurtlara gidip, şol ýerdäki mesihilere uly bolmadyk ýygnaklar üçin ýygnak binasyny gurmaga kömek bermekdi. Kakam bütin ömrüniň dowamynda bütin dünýä boýunça şunuň ýaly ýygnak binalarynyň ýüz elliden gowragyny gurdy.
1999-njy ýylda kakam rakdan ýogaldy. Ol ömrüniň soňky hepdesinde ýatyp bilmän, gije-gündiz diýen ýaly ýarym huşly ýagdaýda boldy. Uklap bilen wagty bolsa, ol käwagt göni düýşünde gürleşýärdi. Men onuň krowadynyň ýanynda oturyp, kakamyň düýşüne giren zatlaryň üsti bilen özi hakda örän köp zady bildim. Ol edil ýene-de bir ýygnak binasyny gurýan ýalydy.
Bir gün agşam ol ölüminiň öň ýanynda, otagda aýalym ikimiz we ýegenim barka, kakam birden gözüni açdy-da, derrew krowadyň üstünde oturdy hem-de ýerinden turmaga synanyşdy. Elbetde, ol gaty ysgynsyzdy, şonuň üçin aýalym Keý ony ýatyrjak boldy. Ýöne ol hiç köşeşerli däldi. Keý ahyrsoňunda: «Jim, maňa aýtsaňyzlaň, siz näme isleýärsiňiz?» diýip sorady. Şonda ol: «Isa Mesih üçin ýene bir adamy halas etmek gerek. Ýene-de ýekeje adamy… Isa üçin. Ýene-de ýekejesini — Isa üçin!» diýdi. Ol bu sözleri köp gezek gaýtalady.
Ol bir sagat dagy köşeşmedi-de, bu sözi şu wagtyň dowamynda ýüzden-de gowrak gezek aýtdy. Men onuň gapdalynda gözlerimi ýaşa dolduryp oturdym. Biraz wagtdan soň men onuň imany üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirjek bolup, başymy egenimem şoldy welin, kakam ysgyndan gaçan aýasyny meniň elime goýup, maňa wajyp bir tabşyryk berýän ýaly: «Isa üçin ýene bir adamy halas et! Ýene ýekejesini — Isa üçin!» diýdi.
Men bu sözleriň galan ömrümiň şygary bolmagyny isleýärin. Olary öz durmuşyňyzyň esasy etmekligi size-de teklip edýärin, sebäbi
Oýlanmak üçin hakykat: Men wajyp missiýanyň ýerine ýetirilmegi üçin ýaradyldym.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Şu wagta çenli Hudaý tarapyndan bellenilen missiýany ýerine ýetirmegime haýsy gorky päsgel berdi? Hoş Habary başgalar bilen paýlaşmaklyga maňa näme päsgel berýär?
37-nji gün
Ýaşaýyş Sözüni paýlaşmak
1 Ýahýa 5:10
1 Selanikliler 1:8
Hudaý size ýaşaýyş Sözüni başgalara ýetirmegiňiz üçin berdi.
Siz imanly adam bolmak bilen bir wagtyň özünde Hudaýyň iberen adamy hem bolduňyz. Hudaý siziň diliňiziň üsti bilen dünýä ýüzlenmek isleýär. Pawlus:
Belki, siz aýdar ýaly hiç zadyňyz ýokdur öýdýänsiňiz, ýöne bu beýle däldir, diňe şeýtan sizi dymmaga mejbur etmäge synanyşýar. Biziň her birimizde-de tejribäniň we her hili başdan geçirmeleriň baý hazynasy bardyr. Hudaý hem şolaryň üsti bilen Öz maşgalasyna täze adamlary getirmek isleýär. Mukaddes Kitapda:
• Siziň
• Siziň
• Siziň
•
Özüňize ynanylan ýaşaýyş Sözi şahsy şaýatlygyňyzy hem öz içine alýar. Şaýatlyk — bu Hudaýyň öz durmuşyňyzy özgerdişiniň taryhydyr. Petrus biziň
Isa:
Mundan başga-da, adama ýalaňaç prinsipleriň beýan edilmesinden, hemişe-de kimdir biriniň taryhyny diňlemeklik aňsat hem ýakymlyrak bolýar. Bir adamyň ykbaly baradaky gürrüň biziň ünsümizi tiz gaplap alýar, şonuň üçin hem, biz ony uzak wagtlap ýatda saklap ýörýäris. Eger Hudaýyň Sözi baradaky işleri ulanyp gürrüň berseňiz, imansyz adamlar siziň sözüňize bolan gyzyklanmasyny tiz ýitirer. Ýöne olara entek özlerine tanyş bolmadyk adam pikirleri we başdan geçirmeleri gyzykly bolýar. Öz durmuşymyz hakda gürrüň bermek bilen biz Isa öz ýüregimizden gürrüňdeşimiziň ýüregine geçer ýaly özboluşly köpri taşlan ýaly bolýarys.
Şahsy şaýatlygyň gymmaty ýene-de aklyň galdyran goranyjy binalarynyň hemmesiniň gapdalyndan aýlanyp geçýändigindedir. Hatda diňleýjilerimiziň köpüsi Mukaddes Kitaby mukaddes kitap hökmünde kabul etmeseler-de, olar siziň kiçigöwünlilik bilen çyn ýürekden gürrüň beren durmuş taryhyňyzy diňlärler. Ine, Pawlus alty dürli ýagdaýda-da Mukaddes Kitap aýatlaryny däl-de, şahsy şaýatlygyny ulanýan eken (Resullaryň işleri 22–26).
Mukaddes Kitapda:
1. Hudaý bilen duşuşýançam meniň durmuşym nähili bolupdy.
2. Özüme Isanyň gerekdigine men nädip düşündim?
3. Men öz durmuşymy Mesihe nädip bagyş etdim?
4. Isa öz durmuşymda eýýäm nämeleri etdi?
Elbetde, gutulyş taryhyndan başga-da, hemmämizde köp şaýatlyklar bardyr. Hudaýyň özümize kömek eden
Özüňize ynanylan ýaşaýyş Sözi öz içine siziň durmuşy sapaklaryňyzy hem alýandyr. Özüňize ynanylan ýaşaýyş Sözüniň ikinji bölümi — bu Hudaýyň Öz yzyna düşen döwrüňizdäki özüňize sapak beren hakykatlarydyr. Siz Ondan aragatnaşyklar, kynçylyklar, synaglar we durmuşyň başga jähtleri barada köp zatlary öwrendiňiz. Dawut:
Şahsy tejribäňde öwrenmeklik gowy zat, ýöne başga adamlaryň tejribesinde öwrenmeklik
Esasy durmuşy sapaklaryňyzy başgalar bilen paýlaşmak üçin ýazyp goýuň. Biz şunuň ýaly etmäge ýaltanmandygy üçin Süleýmana minnetdar bolmalydyrys. Onuň şolary ýazmagynyň netijesinde içinde näçe diýseň durmuşy maslahatlar bolan Pähimler kitaby we Wagyz kitaby emele gelipdir. Eger biri-birimiziň tejribämizi yhlas bilen öwrensek, göz öňüne getirip görüň, näçe bir gerekmejek stresden we lapykeçlikden gaça durup boljak.
Hakyky kämil adamlarda islendik gündelik ýagdaýlardan sapak alma endigi bolýar. Men size tutanýerlilik bilen öz durmuşy sapaklaryňyzyň sanawyny ýazmagyňyzy teklip edýärin. Olary gowuja ýatda saklamak üçin hökman ýazyp goýmak gerekdir. Birazajyk ýatkeşligiňizi berkitmäge we size başlamaga kömek etmek üçin, ine, birnäçe sany sorag (bu ýagdaýlaryň her biri üçin Mukaddes Kitap mysallarynyň birnäçesine serediň: Zebur 50, Filipililer 4:11–13, 2 Korintoslylar 1:4–10, Zebur 39, Zebur 119:71, Gelip çykyş 50:20):
• Hudaý şowsuzlyklaryň kömegi bilen maňa näme öwretdi?
• Hudaý pul ýetmezçiliginiň üsti bilen maňa näme öwretdi?
• Hudaý görgüleriň, betbagtçylygyň ýa-da depressiýanyň kömegi bilen maňa näme öwretdi?
• Hudaý uzak garaşmanyň üsti bilen maňa näme öwretmek isledi?
• Hudaý keseliň üsti bilen maňa näme öwretdi?
• Hudaý lapykeçligiň kömegi bilen maňa näme öwretdi?
• Men öz maşgalamyň, ýygnagymyň, adamlar bilen saklaýan gatnaşyklarymyň üsti bilen näme öwrendim? Haýsy kiçi toparyň kömegi bilen? Özümden nägile bolup, meni tankytlanlaryň kömegi bilenmi?
Özüňize ynanylan ýaşaýyş Sözi takwa ymtylyşlaryňyzy we arzuwlaryňyzy-da öz içine alýandyr. Biziň Hudaýymyza hyjuwsyz ýa-da perwaýsyz diýip bilmersiň. Ol joşgun bilen
Ýürekde hakyky hyjuw peýda bolanda, ony içde saklamak mümkin bolmaýar. Isa:
Käbir adamlarda Hudaý haýsydyr bir iş üçin takwa yhlasy ýakýar. Bu köp ýagdaýlarda olaryň geçmişdäki şahsy tejribeleri, mysal üçin, başdan geçirilen zorluk ýa-da öňki garaşlylyk, önelgesizlik, depressiýa, kesel ýada başga bir mesele bilen baglanyşykly bolup biler. Käwagt Hudaý Öz mukaddeslerine özleri üçin gürläp bilmeýän adamlaryň toparynyň adyndan çykyş etmeklige saklanyp bolmajak derejede isleg berýär. Bular entek dogulmadyk bäbekler ýa-da Mesihiň ady zerarly yzarlanylýanlar, garyp-gasarlar, türmedäki tussaglar, ekspluatirlenýänler ýa-da adalatsyzlyk edilenler bolup biler. Mukaddes Kitapda ejizleri goramaklyga çagyrýan tabşyryklar az däldir.
Hudaý Öz Patyşalygyny hyjuwly entuziastlaryň kömegi bilen gurýandyr. Belki, Ol siziň kalbyňyza täze ýygnaklary esaslandyrma, maşgalalary berkitme, Mukaddes Kitabyň terjimelerini maliýeleşdirme ýa-da mesihi liderlerini okatma ýaly joşgunly islegleri salandyr. Belki-de, ýüregiňizde täjirler, ýetginjekler, daşary ýurtly talyplar, ýaş eneler, belli bir güýmenjäniň ýa-da sport görnüşiniň birleşdirýän adamlary ýaly takyk bir toparyň ýanyna Hoş Habar bilen gitme höwesi uçganaklandyr. Eger siz muny Hudaýdan haýyş etseňiz, Ol size takyk mesihilik Hoş Habarynyň wagyz edilmegine diýseň mätäç bolan bir ýurdy ýa-da etniki topary görkezer.
Hudaý dünýäde etmek islän zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirmek üçin her hili höwesleri we arzuwlary berýär. Töweregiňizdäkiler haýsy-da bolsa bir babatda özüňiziň joşgunly entuziazmyňyzy kabul eder diýip pikir etmek gerek däldir. Munuň deregine biri-birimize gulak asyp, özümize başga biriniň uzadýan ýaşaýyş Sözüniň gadryny bilmelidiris, sebäbi biziň hiç birimizem aýdylmaly bolan zadyň hemmesini aýdyp bilmeýäris. Başga biriniň yhlasyna äsgermezçilikli seredilmegine ýol bermeli däldir. Mukaddes Kitapda:
Özüňize ynanylan ýaşaýyş Sözi Hoş Habary-da öz içine alýandyr. Hoş Habar näme?
Isa Mesihiň Hoş Habaryny başgalar bilen nädip paýlaşmalydygyna bagyşlanylan ýüzlerçe ajaýyp kitaplar bardyr. Ýöne hatda iň gowy öwredilme-de, geçen bapda bellenilip geçilen sekiz pikir hakykatdan ýüregiňize aralaşyp, özüňiziňki bolýança, sizi Hoş Habary wagyz etmeklige höweslendirip bilmez. Esasy zat azaşan adamlary edil Mesihiň söýşi ýaly güýçli söýmegi öwrenmekdir.
Hudaý hiç haçan hem söýmeýän adamsyny ýaratmandyr. Onuň üçin her bir adam zerurdyr. Mesih haçda gujagyny giňden açyp durşuna:
Biz imansyzlary-da söýmelidiris, sebäbi olary Hudaý söýýär. Söýgi bize saýlaw galdyrmaýar. Mukaddes Kitapda: «Söýgüde gorky ýokdur, kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr» (1 Ýahýa 4:18) diýilýär. Islendik ata hem öz çagasyny halas etmek üçin alawlap ýanýan jaýyň içine girmäge taýýar bolýandyr, sebäbi onuň ogluna ýa-da gyzyna bolan söýgüsi gorkudan güýçlüräk bolýandyr. Eger siz töweregiňizdäkilere Hoş Habary gürrüň bermekden gorkýan bolsaňyz, onda Hudaýdan ýüregiňizi şol adamlara bolan söýgüden doldurmaklygyny soraň.
Mukaddes Kitapda:
Öz tanyşlaryňyz Göge barar ýaly siziň
Göklere siziň kömegiňiz bilen baran ýekeje adam bolarmyka? Ol ýerde hiç bolmanda ýanyňyza gelip: «Köp sag bol. Seniň perwaýsyz bolman, maňa Hoş Habary aýdandygyň sebäpli, men bu ýere düşdüm!» diýen tapylarmy? Göz öňüne getirip görüň, Göklerde şol ýere barmagyna kömek eden adamlaryňyza duş gelmeklik nähili şatlykly bolar. Ýekeje janyň ebedi halas bolmasy ýer ýüzündäki beýleki edilen işleriň we gazanylan üstünlikleriň hemmesinden wajypdyr, sebäbi bakyýetde diňe adamlar galýandyr.
Siz bu kitapda Hudaýyň özüňiziň ýerdäki durmuşyňyz babatdaky bäş maksady barada bildiňiz. Ol siziň Öz maşgalasynyň
Oýlanmak üçin hakykat: Hudaý meniň üstüm bilen dünýä bir zatlar aýtmak isleýär.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Öz durmuşymyň taryhy hakda pikirlenenimde, ony kim bilen paýlaşmaklyga Hudaý meni çagyrýarka?
38-nji gün
Dünýä derejesindäki mesihi bolmak
Markus 16:15
Zebur 67:1–2
Mesihiň beýik tabşyrygy — bu siziň üçin tabşyrykdyr.
Siz saýlaw etmeli bolýarsyňyz. Siz
Dünýewileşen mesihiler Hudaýdan esasan hem, şahsy höweslerini kanagatlandyrmak üçin soraýarlar. Olar halas edilendirler, ýöne hemme zatdan öňürti özleri hakda pikirlenmekligi dowam etdirýärler. Olar özüňi kämilleşdirmek boýunça geçirilýän konsertlere ýa-da seminarlara gatnaşýarlar, ýöne Hoş Habary wagyz etmeklige we missionerçilige bagyşlanan çärelerde olary tapmarsyňyz, sebäbi bu olar üçin gyzykly bolmaýar. Olaryň edýän dogalary-da şahsy talaplary, ak patalary we abadançylygy barada bolýar. Bu diýseň egoistiki ynamdyr. Hudaý meniň durmuşymy mundan-da ýakymlyrak etmek üçin näme etmeli? Olar Hudaýyň Öz maksatlaryny amala aşyrmakdaky
Dünýä derejesindäki mesihiler, tersine, özleriniň gulluk etmek hem-de durmuşyndaky missiýany ýerine ýetirmek üçin halas edilendigini bilýärler. Olar özlerine tabşyrylan işleri şatlyk bilen kabul edýärler we Hudaýyň dünýäde öz üstleri bilen hereket edýändigine begenýärler. Dünýä derejesindäki mesihiler planetanyň ýüzündäki
Hudaý bize ähli döwürleriň we halklaryň iň beýik, hemme zady öz içine alýan, her dürli görnüşli we iň wajyp proýektine, ýagny Öz Patyşalygyny gurma gatnaşma mümkinçiligini berýär. Adamzadyň taryhy — bu
Isa şägirterini
Häzirki döwürde bizde uçarlar, gämiler, otlular, awtobuslar we awtomobiller bar. Dünýä örän kiçi bolup galdy. Ol gün geçdikçe-de kiçelýär. Okeanyň aňyrsyna bary-ýogy
Internetiň ösmegi bilen biziň dünýämiz ýene-de daraldy. Telefondyr faksyň üstüne, internet elýeter bolan islendik mesihi islendik ýurduň adamy bilen göni özi gürleşip bilýär. Diňe düwmejiklere eliňi degirseň, bütin dünýä seniňki bolýar!
Elektron poçta häzir hatda iň uzakdaky obalarda-da peýda bolýar, şonuň üçin öýümizden çykman, biz beýleki ýarymşarda ýaşaýan adamlar bilen gürleşip, «elektron Hoş Habar wagzyny» geçirip bilýäris. Adamzat taryhynda entek «Hoş Habary bütin dünýä we ähli adamlara» ýaýratma ýumşunyň beýle aňsat bolan wagty bolan däldir. Häzirki iň esasy päsgelçilik aradaşlykda-da, transportda-da, pul çykdajylarynda-da däl. Esasy mesele biziň kellämizdedir. Dünýä derejesindäki mesihi bolmak üçin biz
DÜNÝÄ DEREJESINDÄKI MESIHILER NÄHILI PIKIRLENÝÄRLER
Olar hemme zatdan öňürti özleri barada däl-de, başgalar hakda pikirlenýärler. Mukaddes Kitapda:
Elbetde, munuň ýaly pikirlenmä geçäýmek aňsat zat däldir, sebäbi biziň hemmämizem tebigatymyz boýunça diňe özümiz bilen gurşalan egoistlerdiris. Şonuň üçin hemme reklamalar diýen ýaly, bizi diňe özümiz barada pikirlenmäge itekleýär. Bir paradigmadan beýlekisine geçmekligiň ýeke-täk usuly — bu hemişe, her minutda Hudaýa bil baglamaklykdyr. Bagtymyza, Ol bizi bu göreşde ýeke goýmaýar.
Her gezek imansyz adamlar bilen gürleşeniňizde, olaryň ruhy mätäçliklerini ýadyňyza salmaga kömek etmegini Mukaddes Ruhdan soramakdan başlaň. Özüňizde duşuşan adamlaryňyz üçin Hudaýa sessiz gysgajyk doga etme endigini ösdürip hem bilersiňiz. Mysal üçin: «Atam, bu adama Seni tanamaklyga nämäniň päsgel berýändigine düşünmäge maňa kömek et» diýip doga ediň.
Maksat bir adamyň ruhy ýoluň haýsy etapyndadygyna düşünmekden, oňa Mesihe tarap ýene bir ädim ätmeklige kömek etmek üçin elimizde baryny etmekden ybaratdyr. Muny:
Belli bir çäklilik bilen däl-de, hemme zady içine alýan pikir bilen pikirleniň. Hudaý biziň bütin planetamyzyň masştabynda pikirlenýär. Ol dünýäde bar bolan zatlaryň hemmesi hakda aladalanýar.
Planetamyzyň ilatynyň aglaba bölegi eýýäm giňişleýin pikirlenip başlady. Iň uly kompaniýalaryň hemmesi we HBS-niň kompaniýalary halkara bolup durýarlar. Biziň gündelik durmuşymyz beýleki ýurtlardaky adamlaryň durmuşy bilen has berk garyşýar. Bizde umumy güýmenjeler gitdigiçe köpelýär, biz şol bir sazlary diňleýäris, şol bir modaly eşikleri geýýäris, şol bir sport wakalaryna seredýäris, hatda şol bir Makdonalds restoranlarynda naharlanýarys.
Geýýan eşikleriňiziň, şu gün ertirlik we günortanlyk naharlarynda iýen iýmitleriňiziň köp bolegi başga ýurtlarda öndürilendir. Biz pikir edişimizden-de berk birleşdirilendiris.
Biziň döwrümizde ýaşamaklyk juda gyzyklydyr. Häzir mesihiler ýer ýüzünde öňki döwürleriň hemmesindäkä garanda köpdür. Pawlus:
Hemme zady öz içine alýan pikirlenmä tarap bolan ilkinji ädim — bu takyk bir ýurt üçin doga etmeklikdir. Dünýä derejesindäki mesihiler öz dünýäsi üçin doga edýärler. Özüňize globus ýa-da dünýäniň syýasy kartasyny satyn alyň-da, dünýäniň hemme ýurtlary üçin nobat boýunça atlaryny tutup doga ediň. Mukaddes Kitapda:
Doga etmeklik — bu durmuşymyzdaky wezipäni ýerine ýetirme işindäki iň wajyp gurallaryň biridir. Adamlaryň özlerinden biziň söýgimizi iteklemekleri-de, Hoş Habary diňlemekden ýüz öwürmekleri-de mümkin, ýöne olar biziň edýän dogalarymyzyň öňünde güýçsüzdirler. Otagyň aňry burçundadygyňyzyňam ýa-da müňlerçe kilometr uzaklykdadygyňyzyňam tapawudy ýok, nirede ýerleşýändigiňize garamazdan, siz dogaňyzy kontinentara raketalary nyşana dogurlap goýuşlary ýaly, adamyň göni ýüregine dogurlap goýup bilersiňiz.
Siz näme üçin doga etmeli? Mukaddes Kitap bizi Hoş Habary ýaýratma mümkinçiliginiň bolmagy (Koloseliler 4:3, Rimliler 1:10), batyrlyk (Efesliler 6:19), biziň sözümiz boýunça iman edýän adamlar (Ýahýa 17:20), Hoş Habaryň tiz ýaýbaňlanmagy (2 Selanikliler 3:1) we Hudaýyň hasyl meýdanynda işçileriň köp bolmagy üçin (Matta 9:38) doga etmeklige çagyrýar. Doga etmeklik bizi bütin dünýäde zähmet çekýän beýleki mesihileriň hemmesiniň egindeşi edýär.
Mundan başga-da, biz missionerler, bütindünýä hasyl ýygymyna gatnaşýan beýleki gullukçylaryň hemmesi üçin doga etmelidiris. Pawlus özüniň bile doga edýän adamlaryna: «Şeýlelikde, köp adamlaryň dogasy netijesinde bize berlen merhemetden ötri köpler biz babatda Hudaýa şükür eder» (2 Korintoslylar 1:11) diýip ýazýar. Eger size işi bilip, dünýä we mesihi gullukçylary üçin doga etmek babatda kömek gerek bolsa, 2-nji Goşunda serediň.
Hemme zady öz içine alýan pikiri etmegi öwrenmekligiň ýene bir usuly — bu täzelikleri Beýik tabşyrygyň nurunda okamaklykdyr we görmekdir. Her gezek dünýäde çynlakaý üýtgeşmeler bolanda ýa-da dawa-jenjeller tutaşanda, Hudaýyň şol wakalaryň hemmesini Özüne täze adamlary çekmek üçin hökman ulanjakdygyna ynamly bolup bilersiňiz. Adamlar Hudaýyň çagyryşyna kyn pursatlar-da ýa-da ullakan üýtgeşmeler döwründe seslenýärler. Dünýäniň gitdigiçe tiz özgerýändigi sebäpli, adamlar biziň günlerimizde Hoş Habary öňkülere seredende köp açyklyk bilen kabul edýärler.
Ýöne hemme zady öz içine alýan pikirlenmä geçmäniň iň gowy usuly — bu haýsydyr bir başga ýurda gysga wagtlaýyn missionerçilik saparyna gitmekdir. Göni kontaktda we ýat medeniýetiň real durmuş tejribesinden gowy zat ýokdur. Kitap okap, öz missiýaňyzyň aýratynlygynyň gürrüňini edip oturanyňyz boldy. Işe girişmeli wagt geldi. Gorkmaň-da, töwekgelçilik ediň! Resullaryň işleri 1:8-de Isa biziň üçin Hoş Habary ýaýratma gatnaşyşymyzyň umumy shemasyny çekip goýdy:
Öz öňüňizde ilatyň şu toparlarynyň her birine nobat boýunça gönükdirilen missionerlik proýektlerine gatnaşma maksadyny goýuň. Men size ýörite pul toplap ýa-da eliňizden gelen zatlaryň hemmesini edip, mümkin boldugyça tizräk başga ýurda gysga wagtlaýyn missionerçilik saparyna ugramaklygy maslahat berýärin. Şunuň ýaly saparyň kömegi bilen ýüregiňiz täze söýgüden dolup-daşar, gözýetimiňiz giňeler, imanyňyzyň berkligi synalar, siz adamlara bolan çuň duýgudaşlygy duýarsyňyz hem-de ýüregiňiz adaty bolmadyk şatlykdan dolar. Bu siziň bütin durmuşyňyzy üýtgedip biler.
Bir pursatlaýyn pikirlenmeden ebedilik kategoriýasyna geçiň. Ýerdäki ýaşaýşyňyzyň ýyllaryny iň gowy usulda ulanmak üçin siz durmuşyňyzy ebediligiň esasynda gurmalysyňyz. Bu size ikinji derejeli meselelere we predmetlere gaty köp wagty sarp etmezlige, ýöne bir gyssagly bolan işi hakyky wajyp bolan işden takyk tapawutlandyryp bilmeklige kömek eder. Pawlus:
Biziň häzir bar güýjümizi harçlaýan köp işlerimiz diňe bir bakyýetde düýbünden gerekmejek işler bolman, eýsem, bir ýyl geçenden soň hem hiç zat bolup galýar. Öz durmuşyňyzy wagtlaýyn güýmenjelere we aladalara çalyşmaň. Isa:
Siziň missiýaňyzyň ýolunda näme dur? Size dünýä derejesindäki mesihi bolmaklyga näme päsgel berýär? Päsgel berýän zat näme bolsa-da, ony özüňizden bir gezekde hemişelik aýryp taşlaň.
Isa bize
Belki, siz «puly behişte äkidip, tabyda salyp bilmersiň» diýen jümläni eşitmeli bolansyňyz. Tabyda olary, dogrudanam, goýanyň haýry ýokdur. Şeýle-de bolsa, olary ajaýyp günleriň birinde Göklere ugrajak adamlar üçin ulanmak bilen eýýäm şu ýerdekäk häzir Göklere iberip bilýändigimizi Mukaddes Kitap aýdýar. Mukaddes Kitap bizi
Özüňizi aklamagy bes edip, missiýaňyzy ýerine ýetirmegiň döredijilikli usulyny gözlemäge başlaň. Eger siz dogrudanam, bütindünýä Hoş Habary wagyz etme missiýaňyzy ýerine ýetirmek isleýän bolsaňyz, munuň usuly hemişe-de tapylýandyr. Ine, adamlar köplenç nähili bahanalary tapýarlar.
• «
• «
• «
Sara hem bir wagtlar Hudaýyň maksadynyň ýerine ýetmegine gatnaşardan özüni gaty garry saýypdy, Ýeremýa öz ýaşlygyny ýüz tutaryk edinipdi, ýöne Hudaý olaryň bahanalaryny aýgytlylyk bilen syryp-süpürip taşlady.
Belki, siz ilki bilen Hudaýdan nähilidir bir aýratyn «çagyryş» bolmalydyr öýdüp, nähilidir bir adatdan daşary duýgulara we başdan geçirmelere garaşýansyňyz. Ýöne Hudaý Öz çagyryşyny bir gezek aýdyp goýmady ahyryn.
Köp mesihiler Hudaýyň öz durmuşlary babatdaky maksadyny sypdyrdylar, sebäbi
Eger siz Isa Mesihe meňzeş bolmak isleýän bolsaňyz, onda Isa ýaly bütin dünýäni söýmelisiňiz. Ähli dogan-garyndaşlarymyzyň we dostlarymyzyň Hudaýa gelendigi bilen köşeşip oturybermeli dälsiňiz. Ýer ýüzünde alty milliarddan-da gowrak adam ýaşaýar. Reb şolaryň, ýagny azaşan çagalarynyň
Oýlanmak üçin hakykat: Beýik tabşyryk göni meniň özüme niýetlenendir.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Indiki ýyl gysga wagtlaýyn missionerçilik saparyna gatnaşmak üçin men nähili praktiki ädimleri ädip bilerin?
39-njy gün
Durmuş deňagramlylygyna ýetip
Efesliler 5:15
2 Petrus 3:17
Sabyr-takatly adamlar bagtlydyrlar, sebäbi olar beýlekileriň hemmesinden köp ýaşaýandyrlar.
Tomusky olimpiýa oýunlarynyň programmasyna bäş bölümden, ýagny sapançadan ok atmak, fehtowaniýe, atyň üstünde ýöremeden, ylgamakdan we ýüzmeden ybarat bolan bäş görnüşli ýaryş hem girýär. Sportsmenler ýaryşlaryň bir ýa-da iki görnüşinde däl-de, ähli bäş görnüşinde-de ýeňmek isleýärler.
Biziň durmuşymyz hem bäş görnüşli ýaryş bolmak bilen deňagramlylykda saklamasy gerek bolan bäş maksada ýetmeklikden ybaratdyr. Biz Resullaryň işleri 2-de, Efesliler 4-de bu maksatlary ilkinji mesihileriň durmuşynda görýäris. Olary bize Pawlus düşündirýär. Ýahýa 17-de Isa bize olaryň iş ýüzünde nähili bolýandygyny görkezýär. Olaryň hemmesi bilelikde Iň Uly Tabşyrykda we Mesihiň beýik tabşyrygynda utgaşýarlar. Bu iki tassyklama şu kitaplarda aýdylanlary, ýagny Hudaýyň biziň durmuşymyzdaky bäş maksadyny jemleýär.
1. «Rebbiň Hudaýy bütin ýüregiň bilen söý»: biz Hudaýa lezzet bermek üçion ýaradylandyrys, şonuň üçin hem, Hudaýy Özüne
2. «Ýakynyňy özüň kimin söý»: biz gulluk etmek üçin aýratyn edilip ýaradylandyrys hem-de
3. «Gidiň-de öwrediň»: biz öz missiýamyzy ýerine ýetirmek üçin ýaradylandyrys. Biziň wezipämiz Hudaýyň Hoş Habaryny adamlara
4. «Olary… çokundyryp»: biz Hudaýyň maşgalasynyň agzalary bolmak üçin ýaradylandyrys. Diýmek, özümizi
5. «Olara hemme zatlary berjaý etmekligi öwredip...» biz Mesihe meňzemek üçin ýaradylandyrys. Diýmek, biziň wezipämiz
Iň uly parza we Beýik tabşyryga çuň wepalylyk size ajaýyp mesihi bolmaklyga kömek eder.
Bu maksatlaryň hemmesini deňagramlylykda saklamaklyk aňsat iş däldir. Başga zatlaryň hemmesini äsgermezlik edip, göwnümize ýaran tarapa ymtylmaklyk hemmämize-de mahsusdyr. Ýygnakda-da edil şunuň ýaly edilýär. Eger ikitaraplaýyn gözegçilik we goldaw üçin kiçijik topara goşulsak, eger öz ruhy saglygymyzyň ýagdaýyna yzygiderli baha berip dursak, eger öz ösüşimiziň ädimlerini ruhy gündelige ýazyp, öz öwrenýän zatlarymyzy başgalara geçirsek, deňagramlylygy saklap, saýlan ýolumyzda berk saklanyp bileris. Maksada okgunly durmuş üçin bu zatlaryň hemmesi örän wajypdyr. Eger siz dogrudanam, saýlan ýoluňyzdan sowulmak islemeýän bolsaňyz, onda özüňizde şu dört endigi ösdürmek gerekdir.
Bu barada öz dostuňyz, dogadaky partnýoruňyz ýa-da kiçi toparyň agzalary bilen gürleşiň. Bu kitapda beýan edilen prinsipleri
Biz iň gowy zatlaryň hemmesini beýleki adamlaryň arasynda öwrenýäris. Gürrüňdeşlikleriň we ara alyp maslahatlaşylmalaryň kömegi bilen biziň aklymyz ýitelýär we pikirlerimiz çuňlaşýar.
Men size dostlaryňyzyň kiçijik toparyny ýygnap, «Maksada okgunly durmuş» kitabynyň hepde-de bir babyny bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin bu kitaby okamak boýunça gurnak guramagy tutanýerlilik bilen teklip edýärin. Kitabyň her bir babyndan nähili netije çykarmalydygy we olary durmuşda nähili ulanmalydygynyň usullary barada gürrüň ediň. Özüňizden: «Bu nämäni aňladýarka?» we «Indi näme etmeli?» diýip soraň. Bu meniň özüm üçin we maşgalam we ýygnagym üçin nämäni aňladýarka? Bu babatda men näme edip bilerin? Pawlus: «…
Okalan zatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin bolan toparlar kitabyň özüniň berip bilmeýän köp artykmaçlyklaryny berýär. Öz açan zatlaryň barada gürrüň bermegem, başgalaryň öwrenen zatlaryny diňlemegem bolar. Gündelik durmuşdan mysallar getirip, ol barada gürrüň etseňem, biri-biriňiz üçin doga etseňizem, Hudaýyň bäş maksadyny durmuşda ulanmaga başlanyňyzda biri-biriňizi ruhlandyrmak we goldamagam bolýar. Ýatda saklaň, owal-başda biz aýratynlykda däl-de, bilelikde ösmek üçin ýaradylandyrys. Mukaddes Kitapda:
Mundan başga-da, men size Mukaddes Kitaby özbaşdak öwrenmegi maslahat berýärin. Men Ýazgydan alnan ähli parçalara çykgytlary başdaky köntekstinde görüp bilmegiňiz üçin ýörite berdim (olar hem müňden gowrakdyr). Haýyş edýärin, Mukaddes Kitabyň dürli terjimelerini ulanmak barada gürrüň gidýän 3-nji Goşundyny okaň. Her baby bir günüň dowamynda okap çykmak aňsat bolar ýaly, men olary gaty bir uzyn etmezlige çalyşdym, şonuň üçin hem, köp ýagdaýlarda kontekstiň iň gyzykly takyklyklaryna seredip bilmedim. Olarda ulanylan aýatlar beýanyny tapýardy. Şeýle-de bolsa, Mukaddes Kitaby parçalaýyn, baplaýyn, hatda tutuş kitaplygyna-da öwrenmelidir.
Mukaddes Kitaby induktiw usulda özbaşdak nädip ulanmalydygyny bilmeklige size kömek edýän köp kitaplar bardyr.
Öz-özüňiziň ruhy derňewiňizi yzygiderli geçiriň. Öz durmuşymyzda Hudaýyň bäş maksadyny deňagramlaşdyrmaklygyň iň gowy usuly — bu öz öňe gidişiňe yzygiderli baha berip durmakdyr. Hudaý munuň ýaly öz-özüňi barlama endigine ýokary baha berýändir. Öz ruhy saglygymyzy synap görmelidigimiz we oňa baha bermelidigimiz Ýazgyda az bolanda bäş gezek aýdylýar (Ýermeýanyň agysy 3:40, 1 Korintoslylar 11:28, 31, 13:5, Galatýalylar 6:4). Mukaddes Kitapda:
Fiziki saglygymyzy saklap durmak üçin gan basyşy, temperatura, bedeniň agramy we ş.m. zatlar ýaly örän wajyp bolan zatlara baha berip bilýän lukmanlaryň barlagyndan yzygiderli geçip durmak gerekdir. Ruhy saglyk üçin sežde etme, gatnaşyk, ösüş, gulluk we dünýädäki öz missiýaňy ýerine ýetirme ýaly örän zerur bolan görkezijileriň ýagdaýyny yzygiderli barlap durmalydyr. Ýeremýa:
Biz özümiziň «Seddlbek» ýygnagymyzda öz-özüňi barlamanyň örän ýönekeý usulyny işläp taýýarladyk. Onuň kömegi bilen müňlerçe adamlar durmuşyndaky Hudaýa bolan ymtylyşlarynda maksada okgunlylygy saklaýarlar. Eger siz hem şu usulyň kömegi bilen özüňizi barlamany geçirip görmek isleýän bolsaňyz, elektron poçtasynyň üsti bilen bize hat ýazyň (2-nji Goşunda serediň). Mundan beýläk ösmekde we saglykda bolmak üçin durmuşyňyzy deňagramlylykda munuň özüňize kömek edişine düşüneniňizde, özüňiz haýran galarsyňyz.
Öz ruhy ösüşiňiziň ädimlerini gündelige ýazyň. Hudaýyň maksatlaryny ýerine ýetirmekde öňe süýşüşiňizi berkitmegiň iň gowy usuly — bu ruhy gündelik ýöretmeklikdir. Ol ýere wakalar ýazylmaýar-da, özüňiziň unutmak islemeýän durmuşy sapaklaryňyz ýazylýar. Mukaddes Kitapda:
Şunuň ýaly ýazgylar bize Hudaýyň öz durmuşymyzda göni näme edýändigini aýdyň görmeklige kömek edýär. Dauson Trotman bir gezek şeýle diýýär: «Biziň dilimiziň we barmaklarymyzyň üsti bilen geçse, pikirler gutarnykly bulaşarlar». Mukaddes Kitapda Hudaýyň Öz yzyna eýerijilere ruhy gündeligi alyp barmaklygy tabşyryşy barada birnäçe mysallar bardyr. Mysal üçin, ol ýerde:
Elbetde, siziň ruhy ýazgylaryňyzyň Musanyň gündeligi ýaly hemme ýerde okaljagy gümana, ýöne şonda-da siziň ruhy taýdan emele gelşiňiziň taryhy hem diýseň zerurdyr. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimeleriniň birinde şu aýat:
Diňe kabul edilen pursatlary ýazmaly däldir. Siz hem, Dawut kimin, Hudaý bilen ýörişiňizdäki gorkularyňyzy, şübheleriňizi we kynçylyklaryňyzy hem ýazyň. Iň wajyp durmuşy sapaklar görgülerden syzylyp alynýandyr. Mukaddes Kitapda Hudaýyň biziň ähli gözýaşlarymyzy ýygnap saklaýandygy hem aýdylýar (Zebur 56:9). Agyr pursatlarda ýatda saklaň, Hudaý kynçylyklaryň üsti bilen siziň durmuşyňyzda Öz maksatlarynyň bäşisini-de ýerine ýetirýändir. Kynçylyklar nazarymyzy Hudaýa gönükdirmäge bizi mejbur edýändir, beýleki adamlar bilen ýakynlaşdyrýandyr, bizde Mesihiňkä meňzeş häsiýeti emele getirýändir, bize gulluk sowgat berýändir hem-de şaýatlyk etmäge mümkinçilik berýändir. Eger isleseňiz kynçylyklar hem maksada gönükdirilen zatdyr.
Mezmurçy görgüler içinde:
Bilýän zatlaryňyzy beýleki adamlara-da geçiriň. Eger mundan beýläk hem ösmek we öwrenmek isleýän bolsaňyz, muny eýýäm bilýän zatlaryňyzyň hemmesini başgalara berme usuly bilen etseňiz, gowy bolar. Pähimler kitabynda:
Indi öz durmuşyňyzyň wezipesiniň nämedigine düşüneniňizde, ol barada başgalara gürrüň berme jogapkärçiligi siziň üstüňize ýüklenilýär. Hudaý sizi Öz adyndan goýberilen adam bolmaklyga çagyrýar. Pawluys Timoteosa:
Elbetde, siz durmuşyň hakyky manysy barada asla hiç zat pikir hem etmeýän ýüzlerçe adamlary bilýänsiňiz. Durmuşyň manysy hakda öz çagalaryňyza, dostlaryňyza, goňşularyňyza we işdeş ýoldaşlaryňyza gürrüň beriň. Eger dostlaryňyzyň birine bu kitaby sowgat bermekligi ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda munuň birinji sahypasyna onuň üçin birnäçe söz ýazyň.
Biz näçe köp bilsek, Hudaý biziň bilýän zatlarymyzyň hemmesini başga adamlar bilen şonça-da köp paýlaşmagymyzy isleýär. Resul Ýakup:
BU ZATLARYŇ HEMMESI HUDAÝYŇ ŞÖHRATY ÜÇINDIR
Biz Hudaýyň şöhratynyň we Onuň Patyşalygynyň ösmeginiň hatyrasyna öz bilen zatlarymyzy başgalara berýäris. Isa haça çüýlenilmeziniň öz ýanynada Atasyna:
Isa soňky üç ýylda meşgullanan zatlary barada aýdýar. Ol şägirtlerini Hudaýyň maksatlarynyň ýerine ýetirmeli durmuşa taýýarlapdy. Ol olara Hudaýy tanamaga we Ony söýmäge kömek edipdi (sežde etme), biri-birini söýmegi öwredipdi (gatnaşyk), olar ruhy kämillige ýetip ösüp biler ýaly, Öz Sözüni beripdi (şägirtçilik), adamlara nähili kömek etmelidigini görkezipdi (hyzmat) we Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek üçin iberipdi (Hoş Habary wagyz etmek). Isa Öz durmuşy bilen maksada okgunly durmuşyň nämedigini görkezdi hem-de muny başgalara-da öwretdi. Ol hut şu «iş» bilen hem, Hudaýy şöhratlandyrdy.
Häzir Hudaý bizi-de şu zatlary etmeklige çagyrýar. Ol biziň diňe bir Öz maksatlaryny we niýetlerini ýerine ýetirmek üçin ýaşaman, eýsem, bu işde başgalara-da kömek etmegimizi isläýär. Hudaý Mesih bilen täze adamlary tanyşdyrmak isleýär, olary ýygnaga getirmek, ösmäge kömek etmek, kämillige ýetirmek, ýygnakdaky öz ornuny açdyrmak, soň bolsa olary başgalary Öz ýanyna adam getirmegi üçin dünýä ibermek isleýär.
Ine, maksada okgunly durmuşyň özeni nämede eken. Siziň ýaşyňyzyň näçedigine garamazdan, galan ömrüňiziň özüňiz üçin altyn zaman bolmagy mümkin, sebäbi indi siz hakyky wezipäňize doly düşünip, ýaşap başlaýarsyňyz.
Oýlanmak üçin hakykat: Sabyr-takatly adamlar bagtlydyrlar.
Ýat tutmaly aýat: «Ş
Oýlanmak üçin sorag: Saýlan ýolumdan çykmazlyk üçin we Hudaýyň öz durmuşym babatdaky maksatlaryny deňagramlylykda saklamak üçin men özümde sanalyp geçilen dört endigiň haýsysyny ösdürip başlaryn?
40-njy gün
Maksada okgunly durmuş
Süleýmanyň pähimleri 19:21
Resullaryň işleri 13:36
Maksada okgunlylyk bilen ýaşamaklyk — bolmalysy ýaly ýaşamaklygyň ýeke-täk usulydyr. Mundan başga hili bolan islendik durmuş hem, ýaşadyňmy ýaşadym diýilýän durmuş bolýandyr.
Adamlaryň aglaba bölegine diýseň wajyp bolan üç fundamental soraga jogap tapmak aňsat bolmaýar. Birinjisi — bu
Belki, munuň üçin siz käbir zatlardan el çekmeli bolarsyňyz. Durmuşda sanardan köp bolan «ýagşy» işler bilen meşgullanyp bolýar, ýöne Hudaýyň bäş maksady onuň esasy düzüjileri bolýandyr. Biz olary ýerine ýetirmäge borçludyrys. Gynansak-da, biz iň esasy zatdan aňsatlyk bilen ünsümizi sowýarys we ony ýadymyzdan çykarýarys. Biz durmuşdaky iň gerek bolan zatdan daşlaşýarys we ýoldan sowulýarys. Munuň ýaly bolmazlygy üçin biz özümiziň esasy maksadymyzy hem-de durmuşymyza niýetlenen esasy wezipäni anyklap hem ýazyp, olara gaýdyp gelmegimiz gerekdir.
ÖZ BAŞ MAKSADYŇY WE WEZIPÄŇI BILMEKLIGE NÄMELER GIRÝÄR?
Oňa Hudaýyň öz durmuşymyz babatdaky maksady girýändir. Hudaýyň bäş maksadyny ýerine ýetirmek üçin gelen kararyňyzy söz bilen beýan ediň. Biz häzir ýakyn wagt üçin bellän maksatlarymyzyň sanawyny düzemizok, sebäbi olar wagtlaýyn häsiýete eýe bolýarlar. Esasy durmuş maksady we wezipesi bize hemişelik berilýändir. Mukaddes Kitapda:
Ol biziň durmuşymyzyň ugruny belleýändir. Öz wezipäňizi kagyz ýüzüne ýazsaňyz, durmuşyňyzyň takyk haýsy ugurda hereket edýändigi hakda pikirlenmäge mejbur bolýarsyňyz. Mukaddes Kitapda:
Öz durmuşyňyzyň wezipesini anyklasaňyz, diňe bir wagtyňyzy, puluňyzy we zehiniňizi nämä sarp etmekçi bolýandygyňyzy takyk görkezmän, eýsem, olary nämä sarp
Bu anyklama siziň üçin «üstünlik» kesgitleýär. Onda dünýäniň nämäni wajyp hasaplaýandygy däl-de, siziň nämäni wajyp hasaplaýandygyňyz ýazylgydyr. Onda siziň gymmatlyklaryňyz aýdyň görkezilendir. Pawlus:
Bu anyklama siziň durmuşdaky ornuňyzy düşündirýär. Ýerdäki ýaşaýşyňyzyň dürli etaplarynda siz dürli rollary oýnarsyňyz, ýöne wezipäňiz üýtgewsizligine galar, sebäbi ol durmuşdaky islendik roldan uludyr.
Bu anyklama siziň aýratynlygyňyzy beýan edýär. Onda Hudaýyň özüňizi aslynda nädip ýaradandygy we emele getirendigi şöhlelenýär.
Esasy durmuş maksadyna we wezipesine anyklama düzmek üçin wagt gerek bolýar. Ony bir gezek oturanyňyzda ýazjak bolmaň hem-de bir gezekde hemme zat gaty gowy bolar gidiberer öýtmäň. Bu zatlaryň hemmesi barada pikirleneniňizde kelläňize gelýän pikirleri ýöne bir dolulygyna ýazyň. Hiç zatdan bir zat emele getirjek bolup durandan, redaktirlemek hemişe-de aňsat bolýar. Ine, size şunuň ýaly anyklamany düzeniňizde pikirlenmek üçin gerek bolan bäş sorag.
ESASY BÄŞ DURMUŞY SORAG
Meniň durmuşymyň
Asa patyşa ysraýyl halkyny
Meniň durmuşym nähili häsiýete eýe bolar? Bu şägirtçilik meselesidir. Siz nähili adam bolarsyňyz? Hudaýa biziň näme bilen
Petrus:
Meniň durmuşym nähili yz galdyrar? Bu gulluk
Biz hakykatdanam, gulluk üçin ýaradyldyk we emele getirildik, şeýle-de bolsa, hatda Isanyň Özi hem ýerde ýaşan wagty, töwereginde ýaşan adamlaryň hemmesiniň talaplaryny doly kanagatlandyryp bilmedi. Öz aýratynlyklaryňyza esaslanyp, size iň gowy kömegi kime edip biljekdigiňizi kesgitlemelisiňiz. Özüňizden: «Men kime kömek etmegi köpräk isleýärin?» diýip soraň. Isa:
Men öz durmuşym bilen dünýä näme aýdaryn? Bu imansyzlara
Eger çagalaryňyz bar bolsa, durmuşdaky wezipäňiziň bir bölegi olara Mesihi tanadyp terbiýelemekden, öz durmuşyndaky Hudaýyň maksadyny görmäge kömek etmekden we olary dünýä öz wezipesini hem-de çagyrlyşyny ýerine ýetirmäge ugrukdyrmakdan ybarat bolup durýandyr. Öz anyklamaňyza Ýeşuwanyň:
Elbetde, sözlerimiz edýän işilerimiz bilen çapraz gelmeli däldir. Imansyzlar Mukaddes Kitabyň abraýyny we ynamdarlygyny ykrar etmezinden owal, siz bilen bize ynansa boljakdygyny bilmelidirler. Ine, näme üçin Mukaddes Kitapda: «Gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun» (Filipililer 1:27) diýilýän eken.
Men nähili adamlar bilen ýaşaryn? Bu
Bu soraglaryň üstünde pikirleneniňizde, jogabyňyza Ýazgynyň Hudaýyň öz durmuşyňyz babatdaky her bir maksady bilen baglanyşykly bolup, ýüregiňize täsir eden parçalaryny-da goşuň. Bu kitapda şonuň ýaly parçalar gaty köpdür. Öz durmuş maksadyňyzy we wezipäňizi hut özüňiziň isleýşiňiz ýaly edip beýan etmek üçin, belki, size birnäçe hepde ýa-da aý gerek bolar. Doga ediň, bu barada oýlanyň, ýakyn dostlaryňyz bilen gürleşiň, Ýazgynyň üstünde oýlanyň. Durmuşy maksadyňyz gutarnykly görnüşe eýe bolýança, belki, siz anyklamaňyzy birnäçe gezek gaýtadan ýazmaly bolarsyňyz. Hatda şondan soň hem, Hudaýyň öz aýratynlygyňyzy gitdigiçe köp açyşyna görä, oňa wagtyň geçmegi bilen täze düzedişleri we uly bolmadyk üýtgeşmeleri girizmegiňiz mümkindir. Eger siz dürli adamlaryň düzen şunuň ýaly anyklamalaryň birnäçe mysalyny görmek isleýän bolsaňyz, onda maňa elektron poçtasy boýunça ýazyň (2-nji Goşundy serediň).
Baş durmuş maksadyny we wezipesini jikme-jik anyklamadan başga-da, onuň gysga görnüşini, ýagny Hudaýyň bäş maksadynyň aýdyň,
• «Meniň durmuşymyň maksady — bütin ýüregim bilen Mesihe sežde etmekdir, oňa Özüniň maňa beren aýratyn sylaglary bilen hyzmat etmekdir, Onuň maşgalasy bilen gatnaşmakdyr, ösmek we Oňa meňzemekdir hem-de ähli şöhrat Onuňky bolar ýaly, dünýäde Onuň missiýasyny ýerine ýetirmekdir».
• «Meniň durmuşymyň maksady — Mesihiň maşgalasynyň agzasy, Onuň häsiýetiniň şöhlelenmesi, Onuň merhemetiniň gullukçysy, Onuň Sözüniň yglan edijisi we Onuň şöhratynyň aýdymçysy bolmakdyr».
• «Meniň durmuşymyň maksady — Mesihi söýmekdir, Mesihde ösmekdir, Mesih hakda aýtmakdyr, Öz ýygnagynyň üsti bilen Mesihe hyzmat etmekdir. Bu zatlaryň hemmesi bilen bilelikde maşgalamy-da, beýleki adamlary-da yzym bilen äkitmekdir».
• «Meniň durmuşymyň maksady — özümi durşuma Iň uly parza we Beýik tabşyryga bagyş etmekdir».
• «Meniň maksadym — Mesihiň häsiýetidir, meniň maşgalam — ýygnakdyr, meniň gullugym — _________________________meniň missiýam — ____________ meniň pikirim — Hudaýyň şöhratydyr».
Belki, siziň häzir: «Meniň işim, nikadaky durmuşym, ýaşaýan ýerim ýa-da uniwersiteti saýlamagym babatdaky Hudaýyň islegi nähilikä?» diýip soraýan bolmagyňyz mümkin. Dogrymy aýtsam, bu zatlaryň hemmesi ikinji derejeli zatlardyr. Hudaý size her dürli mümkinçilikleriň giň saýlawyny berýär. Olaryň hemmesi-de Onuň öz durmuşyňyz babatdaky islegine girip biler. Iň esasy zat kim bolup işleýändigiňize, ýanýoldaş edip kimi saýlaýandygyňyza garamazdan, Hudaýyň ebedi maksatlaryny we öz wezipäňizi ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Elbetde, bu kararlar öz durmuşyňyzyň baş maksadyna laýyklykda kabul edilmelidir. Mukaddes Kitapda:
Şonuň üçin öňürti şahsy planlaryňyz we höwesleriňiz barada alada etmän, Hudaýyň öz durmuşyňyza niýetlän wezipesi hakda aladalanyň, sebäbi bakyýetde ol bolýar ahyryn.
Bir gezek kimdir biri özüniň baş durmuş maksadyňy öz jaýlanma çäräňde özüň barada eşitmek islän zatlaryňa laýyklykda kesgitlemegiň gerekdigini aýdypdyr. Mazaryň üstüne ýazylan öwgi sözleriniň iň gowy görnüşi we munuň esasynda öz durmuşyňyň baş maksadyny emele getirmek teklip edilýär. Meniň pikirimçe bu gaty bir şowuna düşmedik pikirdir. Ömrüňiziň ahyrynda adamlaryň özüňiz hakda näme diýýändikleri we näme pikir edýändikleriniň asla tapawudy bolmaz. Diňe bir zat, ýagny
Günleriň birinde siziň bu durmuşy soraglara nähili jogap berendigiňize Hudaý sereder. Isa siziň durmuşyňyzda merkezi ýeri eýeleýärmi? Sizde Onuň häsiýeti ýüze çykdymy? Siz öz durmuşyňyzy başga adamlara gulluk etmeklige bagyş etdiňizmi? Dünýäde öz missiýaňyzy ýerine ýetrip, Onuň Sözüni ýaýratdyňyzmy? Siz Onuň maşgalasyny näderejede söýdüňiz we oňa degişli bolduňyz? Hut şunuň özi-de iň wajyp zat bolar. Pawlus:
HUDAÝ SIZIŇ ÜSTÜŇIZ BILEN HEREKET ETMEK ISLEÝÄR
Takmynan otuz ýyl mundan ozal men Resullaryň işleri kitabynda durmuşymyň ugruny düýbünden üýtgeden sözleri okadym. Bary-ýogy birnäçe söz. Olar maňa edil gyzdyrylan demir kimin täsir etdi. Bu:
Mundan gowy epitafiýany oýlap tapmak mümkin hem däldir! Göz öňüne getirip görüň, bu sözler özümize ölçelip berlen wagtymyzy Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmegi üçin gulluk edendigiňize şaýatlyk edip, mazarymyzyň üstüne oýulyp ýazylypdyr diýeliň! Men dünýäden ötenimde, adamlaryň men barada-da şunuň ýaly zatlary aýtmagy üçin doga edýärin. Men ýene-de şu zatlaryň siz hakda-da aýdylyp bilinmegi üçin doga edýärin. Şonuň üçin hem men bu kitaby siziň üçin ýazdym.
Bu gysgajyk jümlede gowy ýaşalan durmuşyň ajaýyp kesgitlemesi saklanylýar. Biz häzirki zaman we öz wagtynda bolan usul bilen edebi bolup, wagta tabyn bolmaýan zatlary («Hudaýyň buýrugyny») edýäris.
Hudaý Öz işlerini etmek isleýän adamlary gözlemegini dowam etdirýär. Mukaddes Kitapda:
Pawlus maksada okgunly durmuşda ýaşady. Ol:
Günleriň birinde adamzadyň taryhy gutarar, emma bakyýet ebedi dowam eder. Uilýam Keri: «Gelejek Hudaýyň wadalary bilen ýalkym saçýar» diýýär. Wezipäňizi ýerine ýetirmek kyn bolanda, ruhdan düşmäň. Özüňize garaşýan ebedi baýragy ýadyňyza salyň. Mukaddes Kitapda:
Göz öňüne getirip görüň, şol ýakynlaşyp gelýän günde hemmämiz Hudaýyň tagtynyň öňünde Mesihe bolan çuň minnetdarlyk hem öwgi bilen Onuň aýaklaryna öz durmuşymyzy getirýäris. Şonda biziň hemmämiz bilelikde:
Oýlanmak üçin hakykat: Maksada okgunly durmuşda ýaşamak — hakyky durmuşda ýaşamanyň ýeke-täk usulydyr.
Ýat tutmaly aýat:
Oýlanmak üçin sorag: Esasy bäş sany durmuşy soraga öz jogabymy ýazmak üçin haçan wagt tapýaryn? Özüm üçin baş durmuş maksadyny we wezipesini anyklamany men haçan düzýärin?
1-nji goşundy
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
Siz bu soraglary her babyň ahyrynda getirilenleriň üstüne doldurgyç hökmünde kiçijik toparlarda ýa-da ýekşenbe mekdeplerindäki sapaklarda ulanyp bilersiňiz.
• Siz nähili pikir edýärsiňiz, bu kitabyň: «Gep asla sizde däl» diýen iň ilkinji sözleminde praktiki nähili many jemlenendir?
• Siziň pikiriňizçe, köp adamlaryň durmuşyny näme dolandyrýar?
• Siziň öz durmuşyňyzyň hereketlendiriji güýji näme bolup durýar?
• Siz haýsy obrazyň kömegi bilen durmuşyňyzy şu pursatda has gowy suratlandyryp bilersiňiz? Tizlikli ylgaw bilenmi? Sirk bilenmi? Başga bir zat bilenmi?
• Eger birden dünýädäkileriň hemmesi ýerdäki durmuşyň
• Siziň özüňize Hudaýyň maksatlary üçin ýaşamaklyga nähili höwesler we ysnyşyklyklar päsgel berip biler?
• «Sežde etme» baradaky has giň ýaýran düşünje, sežde etmeklik — diýmek «
• Hudaý bilen dostluk beýleki islendik dostluga näme boýunça meňzeş bolýar we beýleki gatnaşyklaryň hemmesinden nämede tapawutlanýar?
• Göwnüňize Hudaý uzakda ýaly bolup görnen wagtynda, nämeleri öwrenendigiňizi gürrüň beriň.
• Size Hudaýa haçan sežde etmek aňsat bolýar, başgalar bilen bilelikdemi ýa-da ýekelikde? Şu ýagdaýlaryň haýsysynda siz adatça Hudaýyň ýakynlygyny köpräk duýýarsyňyz?
• Haýsy ýagdaýlarda Hudaýa gaharyňy bildirmek ýerlikli bolýar?
• Öz durmuşyňyzy dolulygyna Mesihe bagyş etme hakda pikirleneniňizde, sizi näme gorkuzýar?
• Gatnaşyk baradaky has giň ýaýran düşünje, gatnaşyk — bu «
• Beýleki mesihileri söýmeklige we olaryň aladasyny etmeklige bize näme päsgel berýär?
• Başga adamlar bilen mätäçligiňizi, öýkäňizi, gorkyňyzy we umydyňyzy paýlaşmaklyga size näme kömek edip biler?
• Adamlar köplenç nähili bahanalaryň kömegi bilen özleriniň ýygnaga goşulmak islemeýändigini düşündirýärler? Siz olara näme jogap bererdiňiz?
• Öz ýygnagyňyzda birligi saklamak we çuňlaşdyrmak üçin siziň kiçi toparyňyz näme edip bilerdi?
• Biziň hemmämiz munuň üçin doga eder ýaly siziň durmuşyňyzda aragatnaşyklaryňyzy dikeltmeli bolan adamyňyz barmy?
• «Şägirtçilik» baradaky giň ýaýran düşünjeler, onuň özeni «
• Mesihi bolalyňyz bäri durmuşyňyzda nähili üýtgeşmeler bolup geçdi? Adamlar sizde nähili özgerlişikleri gördüler?
• Siz bir ýyldan soň özüňizde Mesihiň häsiýetiniň haýsy taraplaryny görmek isleýärsiňiz? Siz munuň üçin eýýäm şu günden näme edip bilersiňiz?
• Özgerlişikleriň örän haýal bolýandygy sebäpli, öz ruhy ösüşiňiziň haýsy jähtlerinde has-da sabyrly bolmaly bolýarsyňyz?
• Hudaý muşakgatlaryň we kynçylyklaryň üsti bilen size ösmäge nähili kömek etdi?
• Siz özüňizi haçan synagyň öňünde ejiz duýýarsyňyz? Synagy ýeňip geçmek boýunça haýsy ädimler size hemmesinden gowy kömek edip bilerdi?
• «Gulluk etme» baradaky has giň ýaýran düşünje, gulluk etme — bu «
• Özüňize has ýaraýan hem-de Hudaýyň maşgalasynyň beýleki agzalaryna kömek etmek üçin ulanyp bolaýjak sapaklary aýdyň.
• Başdan geçiren muşakgatlaryňyzy ýada salyň. Hudaý şolaryň kömegi bilen edil şonuň ýaly muşakgatlary başdan geçirýän beýleki adamlara kömek edip bilerdi?
• Özümizi başgalar bilen deňeşdirme endigi bize öz aýratynlygymyzyň doly güýjüne ýetmegimize nädip päsgel berip bilýär?
• Ejizlik eden mahalyňyz Hudaý nädip siziň üstüňiz bilen Öz güýjüni görkezdi?
• Biz öz toparymyzyň we klasymyzyň her bir agzasyna gullukdaky öz ornuny tapmaga nädip kömek edip bileris? Bütin ýygnak maşgalamyza gulluk etmek üçin biziň toparymyz näme edip bilerdi?
• Adamlar Hoş Habary eşidenlerinde olarda peýda bolýan adaty gorkyny we stereotipi gürrüň beriň. Hudaýyň Hoş Habaryny beýleki adamlar bien paýlaşmaga
• Siziň pikiriňizçe, Hudaýyň özüňize beren ýaşaýyş Sözi öz içine siziň ýaýratmaly bolan näme zadyňyzy alýarka?
• Bütin topar onuň üçin doga edip başlar ýaly, imansyz dostlaryňyzyň ýa-da tanyşlaryňyzyň biriniň adyny aýdyň.
• Biz topar hökmünde Beýik tabşyrygyň ýerine ýetirlişine gatnaşmak üçin bilelikde näme edip bileris?
• Bu kitaby bilelikde okamaklyk we ara alyp maslahatlaşmaklyk size nädip öz durmuşyňyzyň baş maksadyna takyk düşünmäge ýa-da ony täzeden kesgitlemäge kömek etdi? Haýsy pikirler siziň üçin iň esasy boldy?
• Bu kitabyň manysyny ýene kim bilen paýlaşsa boljakdygy hakda pikirleneniňizde, Hudaý dostlaryňyzyň ýa-da tanyşlaryňyzyň haýsysyny ýüregiňize salýar?
• Biz indi nähili kitaby okarys?
Öz kiçi toparyňyzyň taryhyny bize mstories@purposedirvenlife.co salgysy boýunça iberiň.
2-nji goşundy
Goşmaça kitaplar we materiallar
«Maksada okgunly durmuş» temasy boýunça materiallar. («Purpose-Driwen®Life»)
1.
2. DVD
3. Seminar. «Görnüş we maksat bilen herekete gelýän Ýygnak». «Agape» neşirýatynyň www.books.agape.ru web-saýtyndan siz Rik Uorreniň (1,5 Mb) seminarlarynyň tekstini mugt göçürip alyp bilersiňiz. Tekst paýlamaga oňaýly bolar ýaly, MS-Word 8.0 formatynda çap edilendir.
4. «Seddlbek» ýygnagynyň www.purposedrivenlife.com we www.saddleback.com web saýtlarynda siz Rik Uorreniň we beýleki ýygnak ruhy çopanlarynyň her dürli temalarda rus dilindäki wagyzlarynyň (mysal üçin,
5. Eger siz iňlis dilinde okap bilýän bolsaňyz, internet size elýeter bolsa, onda www.purposedrivenlife.com web-saýta seredip bilersiňiz. Siz ol ýerde «Maksada okgunly ýygnak» we «Maksada okgunly durmuş» temasy boýunça başga materiallary taparsyňyz. Ruhy çopanlar «Seddlbek» ýygnagynyň gullukçylar üçin hepdelik goýberýän materiallaryna toolbox@pastors.com. salgysy boýunça ýazylyp bilerler. devotinal@purposedriwenlife.com. salgysy boýunça siz «Maksada okgunly durmuş» temasy boýunça mugt goýberilýän hepdelik doga etmek boýunça we ruhy materiallara ýazylyp bilersiňiz. Beýleki mugt mäteriallar barada bilmek we buýurmak üçin free@purpsedrivenlife.com. salgysyna ýazyp bilersiňiz.
Eger isleseňiz «Seddlbek» ýygnagy bilen habarlașyň 1 Saddleback Parwaý, Lake Forest, CA 92630, tel: (800) 633-8876.
3-nji goşundy
Bir wagtda Mukaddes Kitabyň birnäçe terjimesini ulanmak nämä gerek?
Kitapda Ýazgydan alnan müňe golaý bölekler bar. Men Mukaddes Kitabyň birnäçe terjimesini iki sebäbe görä bilgeşleýin ulandym. Birinjiden, her neneň gowy edilen bolanda-da her terjimäniň kemçilikli ýeri bolýar. Mukaddes Kitap asyl nusgasynda 11 280 sany ýewreý, arameý we grek dillerindäki sözi özünde saklaýar. Mysal üçin, iňlis dilindäki adaty terjime diňe 6000 sözi ulanýar. Many berýän öwüşginleriň we käbir zatlaryň bu prosesde ýitirilýändigi düşnükli zat, şonuň üçin dürli terjimeleri ulanmak örän peýdalydyr.
Ikinjiden, (bu meniň pikirimçe has-da möhümdir) biz köplenç özümize tanyş bolan Mukaddes Kitap sözleriniň dolulygyny sypdyrýandygymyzyň sebäbi, düýbünden terjimede däl-de, ol sözleriň özümiz üçin endige öwrülip gidendigi üçindir. Haýsydyr bir aýat göwnümize doly düşnükli bolýan ýaly bolýar, sebäbi biz olary gaty köp gezek eşidipdik we okapdyk. Şonuň üçin biz olara tekstde duş gelenimizde, doly manysyna we mazmunyna ýetmän, gözümizi derrew aýlap geçiberýäris. Şonuň üçin men okyja Hudaýyň Sözüniň hakykatyny täzeçe görmeklige we ony özi üçin täzeçeräk etmäge kömek etmek üçin bilgeşleýin Mukaddes Kitabyň dürli terjimelerine ýüzlendim.
Ýazgynyň aýatlara we baplara bölme işi 1560-njy ýylda geçirilendigi sebäpli, men aýatlary hemişe dolulygyna getirmedim-de, özüme şol kontekstde has wajyp bolup görnen bölegini getirdim. Munda men Isanyň Özüniň we resullaryň Köne Ähtiň aýatlary ulanyşyna eýerdim. Olar özleriniň haýsydyr bir pikirini bellemek ýa-da subut etmek üçin käwagt bir aýadyň belli bir bölegini ulanýardylar.
Bellikniň
1
Dawid Frendiň «Durmuşyň manysy» atly kitabynda getirilýär (David Friend,
2
Maýkl Denton,
3
Tomas Karlaýl (1795–1881) — şotland ýazyjysy we syýasatçysy.
4
Genri Dewid Toro (1817–1862) — pelsepeçi, ýazyjy, amerikan edebiýatynyň esasy tutujylaryň biri, transsendentalistler hereketiniň lideri.
5
Jeýms Ç. Dobson — häzirki zaman amerikan mesihi psihology, ençeme kitaplaryň we radiogepleşikleriň awtory, «Merkezde — maşgala» atly haýyr-sahawat guramasynyň ýolbaşçysy.
6
Ser Tomas Broun (1605–1682) — iňlis ýazyjy-prozaçysy, lukman, gadymyýet boýunça ussat, «Lukmanyň dini» («Religio Medici») atly meşhur kitabyň awtory.
7
Klaýw S. Lýuis (1898–1963) — Oksford uniwersitetiniň edebiýat boýunça professory, ady belli iňlis ýazyjysy, ençeme mesihi kitapçalaryň we kitaplaryň awtory.
8
Kl. Lýuis, «Mezmurlar hakda oýlanmalar». 8 tomdan ybarat bolan düzmeleriň ýygyndysy, tom 8, sah. 315.
9
Jon Paýper — häzirki zaman amerina ylahyýetşynasy, wagyzçy, ýazyjy.
10
Joni Erekson Tada — ýaşlykda maýyp bolup galan häzirki zaman amerikan suratçysy we ýazyjysy; «Joni» atly dokumental filmiň gahrymany.
11
Etel Uoters (1896–1977) — özüniň karýerasynyň iň şowly gidip barýan döwürlerinde mesihi bolan ady meşhur afro-amerikan aýdymçysy we aktrisasy.
12
Oldos Haksli (1894–1963) — ady belli iňlis ýazyjy-romançysy, 47 kitabyň awtory.
13
Jon Uesli (1703–1791) — iňlis ylahyýetşynasy we wagyzçysy, metodistler ýygnagynyň esasyny tutujy.
14
Albert Şweýser (1875–1965) — nemes ylahyýetşynasy, pelsepeçi, sazçy, lukman, dünýäniň Nobel baýragynyň laureaty.
15
Uilýam Jeýms (1842–1910) — amerikan psihology we pelsepeçisi, «radikal empirizmiň» wekili we pragmatizmiň düýbüni tutujy, Garward uniwersitetinde eksperimental psihologiýanyň laboratoriýasyny dörediji.
16
Biziň ýurdumyzdaky mesihilerde pul ýetmezçiligi, ýurtdan çykyp-girmäge rugsat almaklyk, milletparazlyk we ş.m. ýaly başga-da bahanalar bolup bilýändir.