Jon Stott MESIHILIGIŇ ESASY Giriş Isa Mesihiň şahsyýeti we taglymaty biziň günlerimizde hem özüneçekijiligini ýitirmedi. Iki müň ýyl mundan ozal Ol käte-käte adaty bolup galan zatlara garşy çykyş edipdi, Onuň sözleriniň käbirleri bolsa düýpgöter özgerşikli häsiýete eýedi. Emma Onuň ýokary maksatlary bosla üýtgewsiz galdy. Ol nirä barsa-da, söýgini we parahatlygy şöhlelendirýärdi. Şeýle-de, Ol edil wagyz edişi boýunça hem ýaşady. Emma Ol hakykymydy? Dünýäde adamlaryň köpüsi mesihi maşgalalarda ulalýandyrlar we şeýle maşgalalarda Mesihiň we mesihiligiň hakykylygy hiç bir şübhesiz kabul edilýändir. Emma şeýle adamlarda paş ediji häsiýetler döräp, özbaşdak pikirlenip başlanlarynda, olar üçin öz ynamlarynyň güýçli taraplaryny barlamaklyga synanyşmagyň deregine, öz çagalygynyň ynamyndan dänmeklik ýeňil bolýandyr. Şeýle-de, ençeme beýleki adamlar mesihi jemgyýetde ulalýan däldirler. Munuň deregine olar induizmiz, buddizmiň, yslamyň we dünýewi gumanizmiň ahlaklarynyň, kommunizmiň ýa-da ekzistensializmiň taglymatlaryna uýýandyrlar. Ýöne agzalan iki toparlaryň hem agzalary käwagtlar Isa hakynda okanlarynda, Onda garşy durmaklygyň kyn bolan özüneçekijiligiň gizlenendigine göz ýetirýändirler we bu özüneçekijilikden daş durmak gaty kyn bolýandyr. Şeýlelik bilen, biz Isa Mesihiň taryhy şahsyýetinden başlaýandyrys. Elbetde, Onuň ýere gelendigine hiç hili şübhe ýokdur. Bu babatda hiç hili şübhe üçin esas bolup bilýän däldir. Onuň taryhylygy hem Hudaýa ynanmaýan, hem-de mesihi ýazarlar tarapyndan tassyklanandyr. Şeýle-de, Isa köp babatda adamdy. Ol eneden doguldy, ululdy, der döküp işledi, dynç aldy we uklady, Ol iýip-içdi, beýleki adamlar ýaly ejir çekdi we öldi. Onda hakyky adam teni we hakyky adam duýgulary bardy. Emma Onuň şeýle-de hakykatdan Hudaý hem bolandygyna biz ynanyp bilerismi? Isanyň Hudaýlygy diňe oňat beýan edilen mesihi pikir dälmikä? Mesihileriň Nasyraly agaç ussasynyň Hudaýyň ýeke-täk Ogludygyna bolan täsin ynamlaryny berkidýän başga-da nähilidir bir şaýatlyk barmyka? Bu — düýpli soragdyr. Ondan gaça durup bolýan däldir. Şu ýerde dogruçyl bolmaklyk wajypdyr. Eger Isa adam tenindäki Hudaý bolmadyk bolsa, onda mesihilik düýbünden bolup bilýän zat däldir. Bizde diňe oňat pikirleri we ahlaklary bolan din galýandyr, emma onuň täsin aýratynlygy ýitýändir. Ýöne Isanyň hudaýlyk tebigaty hakyndaky şaýatlyk bar bolmaklygyna galýandyr. Bu şaýatlyk oňatdyr, güýçlüdir, taryhydyr we elmydam ösýändir. Bu şaýatlyga dogruçyl adam gol çekip bilýändir we şol bir wagtyň özünde düşünjesi babatda özüni öldürmekligi amala aşyrman bilýändir. Bizde Isanyň Özi hakyndaky täsin tassyklamasy bardyr. Bu tassyklama gaty batyrgaý we sadadyr. Şeýle-de, Onuň hiç kim bilen deňeşdirip bolmajak häsiýeti bardyr. Onuň güýji we mähirligi, Onuň dogrulygy we rehimdarlygy, Onuň çagalar baradaky aladasy we terk edilenlere bolan söýgüsi, Onuň ökdeligi we Özüni gurban etmekligi bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Galyberse-de, Onuň elhenç ölümi Onuň ahyry bolmady. Onuň ölülerden direlendigi yglan edildi we Onuň ölülerden direlmekligi has ynandyryjy şaýatlyk bolup durýandyr. Eger Isa Hudaýyň Ogly diýip aýtsak, onda diňe bu tassyklama mesihiligiň esasy bolup bilermi? Ýok. Eger bir gezek Onuň hudaýlyk şahsyýetine düşünen bolsak, onda Onuň işiniň tebigatyny hem bilmeklik biziň üçin wajypdyr. Näçe üçin Ol geldi? Mukaddes Kitap muňa şeýle jogap berýär: «Ol günäkärleri halas etmeklik üçin dünýä geldi». Nasyraly Isa — bu günäkärler bolan biziň her birimiz üçin wajyp bolan göklerden gelen Halasgärdir. Bize bagyşlamak we mukaddes Hudaýa dolanyp gelmeklik gerekdir. Bizi Hudaýdan günälerimiz aýrypdy. Bizi özümizi söýmeklikden azat etmelidir we ýokary möhümliklerimize görä ýaşap bilmekligimiz üçin bize güýç berilmelidir. Biz bir-birimizi we duşmanlarymyzy söýmeklige öwrenmelidiris. «Halas bolmaklyk» hut şuny aňladýandyr. Hut şuny-da Isa Özüniň ölümi we ölülerden direlmekligi bilen biziň üçin gazandy. Onda Hudaýyň Ogly bolan Isanyň dünýä gelip, Halasgär bolandygyna ynam mesihiligiň esasy bolup bilermi? Ýok, hatda bu hem mesihiligiň esasy bolup bilýän däldir. Bu hudaýlyk şahsyýete tabyn bolmaklyk, halas bolmaklyga adamzadyň mätäçdigini boýun almaklyk we Mesihiň halas ediji işine ynanmaklyk ýeterli däldir. Mesihilik — bu ýöne bir ynam däldir. Mesihilik hereketi göz öňünde tutýandyr. Biziň aklymyzyň ynamlary tankytdan daş bolup bilýändir, emma ynamy iş ýüzünde subut etmeklik wajypdyr. Onda näme etmeli? Özüňi, ýüregiňi we aklyňy, janyňy we erkiňi bagyş etmeli; öz şahsyýetiňi hiç bir galyndysyz Isa Mesihe bagyşlamaly. Biz Onuň öňünde tabyn bolmalydyrys. Biz Oňa edil öz Halasgärimize kimin ynanmalydyrys we Oňa edil Hudaýymyza bolşy kimin tabyn bolmalydyrys, onsoň bolsa ýygnagyň wepaly agzalary we jemgyýetiň jogapkärli raýatlary hökmünde öz ornumyzy eýelemelidiris. Mehisiligiň esaslary we şu kitabyň mazmuny hem hut şundadyr. Emma Isa Mesihiň Hudaýlygyna şaýatlyklara geçmezimizden ozal, giriş bölümi wajypdyr. Bu bölümde şu mowzugy öwrenmekligiň dogry usullary hakynda gürrüň edilmelidir. Isa Mesihde biz Hudaýy tapyp bilýäris diýip, mesihiler tassyklaýarlar. Bu tasyyklamany öwrenenimizde, Hudaýyň bizi gözleýşi ýaly, biziň hem Ony gözlemelidigimize aň ýetirmeklik kömek edip bilýändir. 1. Dogry usul «Başda Hudaý…» Mukaddes Kitabyň bu ilkinji sözleri dünýäniň döredilişiniň taryhyna ýa-da Gelip Çykyş kitabyna girişden has uly ähmiýete eýe bolan sözlerdir. Bu biziň Mukaddes Kitaba bütinleý düşünjämizi açmaga ýardam edýän açardyr. Bu sözler Mukaddes Kitabyň dininiň — her bir işiň başyny başlamaklygyň Hudaýa degişlidigini görkezýän dindigi hakynda gürrüň berýärler. Hudaýy duýdansyzlykda tutmaklyk mümkin däldir. Onuň pikirlerini öňünden bilmeklik hem mümkin däldir. Ol mydama birinji bolup ädim ätýändir. Ol mydama başdadyr. Heniz adam peýda bolmanka, Hudaý bireýýäm bardy. Adam özüne gelip, Hudaýy agtaryp başlamanka, Hudaý ony agtardy. Biz Mukaddes Kitapda Hudaýa tarap sermenip barýan adamy däl-de, adama elini uzadýan Hudaýy görýändiris. Köpler üçin Hudaý edil aýratyn kürsüde oňaýly oturan ýaly, sessiz-üýnsüz we özge ýaly, bu ölümli adamlaryň nalyş edip, Onuň bir zatlar etmekligine yrýanlaryna çenli, ölümli adamlaryň mätäçliklerine biperwaý ýaly görünýändir. Bu gaty ýalan gözýetimdir. Heniz tümlüge we günä batan adamzadyň kellesine ýerinden turup, Hudaýa tarap öwrülmeklik pikiriniň gelenine deňeç, Hudaý Öz kürsüsinden turup, şöhratyny gaýra goýup, adamzady gözlemäge ýola düşüp, tä ony tapýança hiç-de köşeşmeýän Hudaýy Mukaddes Kitap bize aýan edýändir. Hudaýyň bu iň beýik we ähli zady Özi bilen örtýän işi köp zatlarda görünýändir. Döretmeklige başlamaklyk pikiri hem Oňa degişlidir. Ol älemiň we ondaky ähli zatlaryň bar bolmaklaryna rugsat berdi. «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy». Öz häsiýetini we erkini adamzada aýan etmeklik hem Hudaýyň Özüne degişlidir. «Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir». Isa Mesih arkaly erkekleri we aýallary günäden azat etmeklige getirmeklik niýeti hem Oňa degişlidir. «Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy» (Luka 1:68; Ýewreýler 1:1-2; Gelip Çykyş 1:1). Hudaý ýaratdy. Hudaý gepledi. Hudaý hereket etdi. Üç ugurda Hudaýyň ilkinji bolup işi başlaýandygy baradaky bu tassyklamalar Mukaddes Kitabyň wagyz edýän dininiň gysgaça mazmunyny göz öňüne getirýändir. Şu kitapda biz ikinji we üçünji tassyklamalara seredip geçeris, çünki kesgitleme boýunça mesihilik esasan-da Isa Mesihiň taryhy şahsyýetinden başlanýandyr. Eger Hudaý geplän bolsa, Onuň dünýä aýan eden iň soňky we iň beýik Sözi Isa Mesih bolmalydyr. Eger Hudaý hereket eden bolsa, onda Onuň iň hormatly işi — bu Onuň dünýäni Isa Mesih arkaly halas etmegidir. Hudaý Isa Mesihde gepläp, Ol arkaly hereket etdi. Ol bir zatlar diýdi. Ol bir zatlar etdi. Bu diýmeklik, mesihilik — bu ýöne bir hudaýy gürrüňler diýmeklik däldir. Şeýle-de, bu dini pikirleriň üýşmesi we kanunlaryň ýygyndysy däldir. Bu — hoş habar, ýagny resul Pawlusyň sözleri boýunça, Bu Hoş Habar «…mukaddeslik Ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr» (Rimliler 1:1-4). Ilki bilen bu adamzady hereket etmeklige bolan çakylyk däldir; ilki bilen bu biziňki ýaly adamlar üçin Hudaýyň Isa Mesih arkaly eden işini yglan etmeklikdir. Hudaý gepledi Adam — bu gaty bilesigeliji zatdyr. Onuň aňy şeýle döredilendir welin, ol hiç haçan hem köşeşýän däldir. Ol mydama näbelli zatlara seredýändir. Adamzat sönmeýän güýç bilen bilim gözleýändir. Onuň durmuşy — açyşlardan ybarat bolan syýahatdyr. Ol mydama soraýandyr, barlaýandyr, açyşlar edýändir, üns berýändir. Ol hiç haçan hem çaganyň tükenmejek «näme üçin?» diýen sowalyndan üstün bolup bilýän däldir. Ýöne adamzadyň aňy Hudaýa ýüzleneninde, ol ýoldan çykýandyr. Onuň aňy garaňkyda sermenýändir. Ol öz çuňluklarynda kömeksiz çaýkanýardyr. Bu geň däldir, çünki Hudaýyň kimdigine seretmezden, Ol tükeniksizdir, biz bolsa ölümlidiris. Hudaý — biziň düşünjämizden ýokarydyr. Şonuň üçin hem biziň aňymyz ylymlar üçin peýdaly gural hem bolýan bolsa, bu ýerde dessine bize kömek edip bilýän däldir. Ol Hudaýyň tükeniksiz aňyna aralaşyp bilýän däldir. Ol ýere merdiwan ýokdur, ol ýere diňe düýpsüz uçut bardyr. «Hudaýyň çuňňur pikirlerini biz bilip bilýändirismi?» diýip, Eýýupdan soradylar. Mümkin däl. Eger ýagdaýy düzetmeklik üçin Hudaý ilkinji bolup hereket edip başlamadyk bolsa, onda bary şunuň ýaly hem galardy. Adam agnostik bolup galyp, Pontius Pilatus bilen: «Hakykat — bu näme?» diýip sorardy we hiç haçan hem soragynyň jogabyna üns bermän, hatda bu soraga jogap alaryn diýip hem umyt etmezdi. Ol Hudaýa sežde ederdi, çünki bu onuň tebigatyndadyr, emma onuň ähli gurbanlyk sypalarynda Afinydaky gurbanlyk sypasyndakysy ýaly: «Nätanyş Taňra» diýlip ýazylardy. Emma Hudaý gepledi. Onuň Özi Özüni aýan etmekligi çözdi. Ylham baradaky mesihi taglymaty çuňňur derejede aňlydyr. Biziň üçin gizlin bolup galýan zady Hudaý aňymyza aýan etdi. Onuň ylhamlarynyň bir bölegini biz tebigatda görýändiris. «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär». Mezmur 19:2 «Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir. Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär». Rimliler 1:19-20 Adatça muňa Hudaýyň «umumy» ylhamy (çünki bu ylham dünýädäki ähli adamlar üçindir) ýa-da «tebigy» ylham (çünki ol tebigatdadyr) diýilýändir. Ýöne bu ýeterli däldir. Elbetde, biz tebigatdan Hudaýyň barlygy hakynda we Onuň hudaýlyk güýji, şöhraty we wepalylygy hakynda biraz bilip bilýändiris. Emma eger adam üçin Hudaýy tanamaklyk anyk gerek bolsa, onda oňa has giňişleýin we hereketleýin ylham gerek bolýandyr. Hudaýyň Özüni aýan etmekligi Onuň mukaddesligini, Onuň söýgüsini we Onuň günäden halas etmeklik ygtyýarlygyny öz içine almalydyr. Hudaý muny hem bize bermeklige şatdyr. Bu — «aýratyn» ylhamdyr, çünki bu saýlanan halk (Ysraýyl) üçin saýlanan adamlar (Köne Ähtiň pygamberleri we Täze Ähtiň resullary) arkaly berlipdi. Şeýle-de, bu ylham «adatdan daşarydyr», çünki ol «ruhubelentlik» arkaly berlipdi we ol Isa Mesihiň şahsyýetinde we işlerinde aýan boldy. Bu ylhamy düşündirip, beýan ederi ýaly, Mukaddes Kitap bize Hudaýyň näme «diýendigi» hakynda gürrüň berýär. Biziň özümiz hem bir-birimiz bilen sözleýiş arkaly aňsat gürrüňdeş bolýandyrys. Sözler arkaly biz öz aňymyzy aýan edýändiris. Eger biz Özüniň tükeniksiz düşünjesini biziň çäkli bolan aňymyza aýan etmekligi islän Hudaý hakynda oýlananymyzda bolsa, bu has-da dogry bolýandyr. Işaýa pygamberiň sözleri boýunça, Gögüň ýerden daş bolşy kimin, Hudaýyň pikirleriniň hem biziňkiden şeýle daş boýandygy üçin, eger Hudaý Öz pikirlerini sözlerde beýan etmedik bolsa, onda biz hiç haçan hem olara ýetip bilmezdik. Şeýlelikde, Isa Mesihiň gelenine çenli Hudaýyň sözleri ençeme pygamberlere gelipdi. «Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady» (Ýahýa 1:1, 14). Şeýlelik bilen, resul Pawlus Korintosdaky ýygnaga şeýle ýazýar: «Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamadygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy unady». Adam öz akyldarlygy bilen däl-de, eýsem Hudaýyň sözi arkaly (biziň wagyzymyz arkaly) tanaýandyr, adamzadyň akly bilen däl-de, Hudaýdan gelen ylham arkaly tanaýandyr. Diňe Hudaýyň bize Isada Özüni tanamaklygy berendigi sebäpli, mesihiler resul Pawlusyň afinylara aýdanlaryny batyrgaýlyk bilen aýdyp bilýändirler: «Men, ine, tanaman, ybadat Edýäniňizi size wagyz edýärin». Hut şu tassyklama dogry baha berip bolmandygy sebäpli, ylym bilen diniň arasynda ençeme gapma-garşylyklar peýda boldy. Din meselesinde ylmy usullar ulanmaklyk üçin hiç-de laýyk gelýän däldir. Ylmy düşünjeler syn etmeklik we tejribe geçirmeklik arkaly öňe gidýändirler. Bu bilim bäş sany fiziki duýgular arkaly gelýän maglumatlar bilen işleýändir. Ýöne biz metafizika ugruna ýüz tutanymyzda, dessine maglumat alyp bilýän däldiris. Şu Hudaýy elläp, görüp ýa-da diňläp bolýan däldir. Emma Onuň Özüni tene geýnip, geplän pursady bolupdy we şonda Ony görüp, duýup bolýardy. Ýahýa özüniň birinji hatyny şeýle tassyklamalar bilen başlaýar: «Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris» (1 Ýahýa 1:1-2). Hudaý hereket etdi Mesihi hoş habar Hudaý gepledi diýen tassyklama eltilýän däldir. Ol hoş habar Hudaýyň hereket edendigini tassyklaýandyr. Adamzadyň mätäçligi zerarly, iki ýagdaýda-da ilkinji bolup işi başlamaklyk Hudaýa degişlidir. Çünki biz ýöne bir düşünjesiz däl-de, eýsem şeýle-de günälidiris. Şeýlelik bilen, biziň düşünjesizligimizi paş etmekligi üçin Hudaýyň Özüni aýan etmekligi ýeterli däldir. Bizi günälerimizden azat etmeklik üçin Ol bir zatlar etmelidir. Ol muny Köne Ähtiň günlerinde bireýýäm başlapdy. Ol Ybraýymy çagyrdy we ondan, onuň nesillerinden halk döretmek, olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmekligi, Sinaý dagynda olar bilen äht edişmegi, wada beren ýurduna alyp barmaklyk üçin olary çölden geçirmekligi, olary Özüniň saýlan halky hökmünde idäp, olary terbiýelemegi isledi. Emma bularyň bary Onuň günäleri Mesihde ýuwmaklyk işine taýýarlykdy. Adamy Müsüriň gulçulygyndan ýa-da Babylyň sürgüninden däl-de, günäniň gulçulygyndan we sürgüninden azat etmelidi. Hut şunuň üçin hem Isa Mesih ýere geldi. Ol edil Halasgär hökmünde geldi. «…sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder». Matta 1:21 «„Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi“ diýen söz takyk, her taýdan kabula laýyk sözdür». 1 Timoteos 1:15 «Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir». Luka 19:10 Ol oňat çopana meňzeýendir. Eger çopan bir guzusyny ýitirse, ony agtarmaga ýola düşüp, tä tapýanyny çenli rahatlanyp bilýän däldir. Isa hem edil şeýle edýändir (Luka 15:3-7 seret). Mesihilik — bu halas bolmaklygyň ýoludyr we mesihi däl bolan ynamlar bosla söýen, dünýä gelen we günälileriň parahatlygy üçin ölen Hudaý baradady habar bilen deňeşdirilip bilinýän däldir. Adamyň jogaby Hudaý gepledi. Hudaý hereket etdi. Bu hudaýlyk sözleriň ýazgysyny we düşündirilişini Mukaddes Kitapda gözlemelidiris. Köpler üçin olar şol ýerde hem galýandyrlar. Geçmişe degişli bolan Hudaýyň aýdan we ýerine ýetiren sözleri we hereketleri geçmişden häzirki wagta, ýagny Mukaddes Kitapdan durmuşa geçen däldir. Hudaý gepledi, emma biz Oňa gulak asdykmy? Hudaý hereket etdi, biz Onuň edenlerinden nämedir bolsa bir zatlar aldykmy? Biziň näme etmelidigimiziň düşündirişini siz şu kitabyň indiki sahypalarynda taparsyňyz. Şu wagt bolsa diňe bir zada üns bermelidiris: biz agtarmalydyrys. Hudaý bizi agtardy. Ol häzir hem bizi agtarýandyr. Biz hem Ony agtarmalydyrys. Dogrudanam, Hudaýyň adama bolan esasy öýkesi — bu adamyň Ony agtarmaýandadygyndadyr. «Düşünjeli, Hudaýy agtarýan barmyka diýip, görjek bolup, Reb adam ogullaryna gökden nazar saldy. Olaryň ählisi ýoldan çykdylar, bilelikde murdar boldular; ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok». Mezmur 14:2-3 Ýöne Isa şeýle diýdi: «Agtaryň, taparsyňyz». Eger agtarmasaň, hiç haçan hem tapmarsyň. Çopan özüniň ýiten guzusyny tapanyna deňeç, ony agtarýandyr. Aýal özüniň ýitiren teňňesini tapanyna deneç agtardy. Näme üçin biz aladalanmaly däl diýip pikir edýäris? Hudaý biziň Özüni tapmaklygymyzy isleýändir. Hawa, Ol diňe agtarýanlaryň tapmagyny isleýändir. Yhlas bilen agtarmalydyr. «Adam özüniň batyrgaýlygyna laýyklykda ýaltadyr» diýip, Emerson ýazypdyr. Emma bularyň bary şeýle bir çynlakaýdyr welin, biz özümiziň tebigy ýaltalygymyzy ýeňip, aňymyzy agtarmaklyga bagyş etmelidiris. Hudaý bikärlere kän bir sabyrly däldir. «Ol özüni agtarýanlary sylaglajakdyr» (Hewreýler 11:6 seret). Boýnyburuklyk bilen agtarmalydyr. Eger parhsyzlyk käbirleri üçin böwet bolýan bolsa, tekepbirlik — bu beýlekiler üçin has çynlakaý we giňden ýaýran böwetdir. Biz öz düşünjämiziň çäklidigini we Hudaýyň kömegi bolmasa, öz güýjümiz bilen Ony tanap bilmeklige ukyply däldigimizi boýun almalydyrys. Men mundan beýläk biz aň-düşünjämize bil baglamaly däl diýjek bolmaýan. Tersine, mezmurçylaryň biri bize düşünjesi bolmadyk atyň ýa-da gatyryň ýanyna golaýjaşmazlygymyzy tabşyryk berýär. Biz öz düşünjämizi ulanmalydyrys, emma onuň çäklidigini hem boýun almalydyrys. Isa şeýle diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin!» Luka 10:21 Bu Isanyň çagalara bolan söýgüsiniň sebäbiniň biridir. Olary öwredip bolýandyr. Olar tekepbir däldirler, şöhratparaz we tankyt ediji däldirler. Bize çaganyň açyk, kiçigöwünli we kabul ediji düşünjesine eýe bolmaklyk wajypdyr. Çyndan gözlemelidiris. Hudaýyň Özüni açýan diýip yglan edenlerine diňe bir tekepbirliksiz däl-de, eýsem hiç bir öňünde eýe bolan düşünjämiz bilen hem ýakynlaşmaly däldiris; biz olara diňe bir kiçigöwünlilik bilen däl-de, eýsem açyk aňymyz bilen hem ýakynlaşmalydyrys. Täze bir düşünjä özüňde bar bolan öňki düşünjeň bilen barmaklygyň howpy barada her bir talyba we okuwça bellidir. Ýöne agtarýanlaryň köpleri Mukaddes Kitaba özleriniň kellesindäki çözgütleri bilen gelýändirler. Emma Hudaýyň wadalary diňe çyn ýürekden agtarýanlara berlendir. «Meni agtararsyňyz we taparsyňyz, eger Meni bütin ýüregiňiz bilen agtarsyňyz, taparsyňyz» (Ýeremeýa 29:13). Diýmek, öz düşünjeleriňi terk edip, mesihiligiň hakykylygyna aňyňy açmaklyk zerurdyr. Gulak asyjylyk bilen agtarmaly. Bu şerti ýerine ýetirmeklik ählisinden hem kyndyr. Hudaýy agtarmaklykda öz pikirleriňe täzeden seretmeklige taýyn bolmaklyk bilen bilelikde, şeýle-de öz durmuşyňy üýtgetmäge-de taýyn bolmalydyr. Mesihi habarynda ahlak çakylygy bardyr. Eger habar hakyky bolsa, bu ahlak çakylygyny kabul etmelidir. Hudaý adamyň ünsünden galan zat bolup bilýän däldir. Hudaýy mikroskopyň aşagynda goýup ýa-da teleskopda Oňa syn edip: «Neneň gyzykly!» diýip bolýan däldir. Hudaý gyzykly däldir. Ol çuňňur gaýgylandyrmaga ukyplydyr. Bu Isa Mesih babatda hem dogrudyr. «Biz Oňa akyl ýetirmeklik bilen syn etmek isleýäris we Onuň hem biziň özümize ruhy taýdan seredýändigini görýändiris. Biz rollarymyzy çalyşdyk… Biz Aristoteli öwrenýäris we ol bizi akyl taýdan ruhlandyrýar; biz Isany öwrenýäris we özümiziň ruhy taýdan çuňňur aladalanýandygymyzy duýýandyrys… Bu Isa babatda biz ýüregimiziň we erkimiziň içki ahlak çözgüdini kabul etmeli bolýandyrys… Adam özüniň akyl ýetirişi bilen Isany öwrenip bilýändir, emma ahlak taýdan orta bolup galyp bilýän däldir… Biz özümiziň kimiň baýdagy astynda söweş edýändigimizi yglan etmelidiris. Muňa bizi Isa bilen bolan göni gatnaşyk alyp gelýändir. Biz ýuwaş okuwdan başladyk, indi bolsa bizi ahlak çözgüdini kabul etmeklige çagyrýandyrlar». P. Karnegi Simpson «Isanyň fakty», 1930, Jeýms Klarkyň çap edeni, 1952, s. 23, 24 Diýmek, Isa ynanmaýan ýewreýlere ýüzleneninde, ine, Ol nämäni göz öňünde tutupdyr. Ol şeýle diýdi: «Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler» (Ýahýa 7:17). Bu wada düşnükli: Isanyň hakykymy ýa-da ýalan, Onuň taglymatynyň adamyňkymy ýa-da Hudaýyňkydygyny biz bilip bilýändiris. Ýöne bu wada ahlak şertine esaslanandyr. Biz diňe bir ynanmaklyga däl-de, eýsem gulak asyjy bolmaklyga hem taýyn bolmalydyrys. Hudaýyň erki bize aýan bolanynda, biz ony ýerine ýetirmeklige taýyn bolmalydyrys. Biz gezek ýanyma ýaňy mekdebi gutaryp, Londonda işläp başlan bir ýaş ýigidiň gelendigi ýadyma düşýär. Ol özüni ikiýüzli duýman durup, ynamyň taglymatyny aýdyp bilmändigi üçin ýygnaga gatnamagyny bes etdirendigini maňa aýtdy. Ol ynamyň taglymatyna ynanmaýardy. Ol sözüni gutaranynda, men oňa şeýle diýdim: «Eger men siziň soraglaryňyza jogap bersem we aňyňyzy doly kanagatlandyrsam, onda siz öz ýaşaýşyňyzy üýtgetmäge taýynmysyňyz?» Ol çalaja ýylgyrdy-da, gyzardy. Iş ýüzünde onuň kynçylygy aňda däl-de, ahlakdady. Diýmek, hut şeýle ýagdaýda biz öz gözlegimizi dowam etdirmelidiris. Biz ýaltalygy, tekepbirligi, öňden eýe bolan düşünjelerimizi we günäni terk edip, netijesiniň nähili boljakdygyna üns bermän, Hudaýy agtarmalydyrys. Hakyky gözlegiň ähli böwetleriniň arasynda soňky ikisini başdan geçirmeklik gaty kyndyr: aňly öňden galan ters pikirler we ahlak taýdan özüňe erkli bolmaklyk. Bu böwetleriň ikisi-de gorkyny beýan edýändir, gorky bolsa — hakykatyň baky duşmanydyr. Gorky biziň gözlegimizi doňdurýandyr. Biz gözlegiň we Isa Mesihi kabul etmekligiň gaty uly oňaýsyzlyklary getirýändigini bilýändiris. Özümiziň durmuşa bolan ähli gözýetimlerimize täzeden göz aýlap, täze durmuşa öwrenişmeli bolýandyrys. Hut şu aňly we ahlakly gorky hem bizi şübhelenmäge mejbur edýändir. Biz tapmaýandyrys, çünki agtarýan däldiris. Biz agtarmaýarys, çünki tapmak islemeýändiris we eger bir zady tapmak islemeýän bolsak, onda munuň iň oňat usulynyň agtarmazlykdygyny hem bilýändiris. Şeýlelik bilen, öz ýalňyşlygyňyzyň mümkin bolmaklygyna ýol beriň. Ahyrsoňy, belki Isa hakykydyr. Eger siz boýnyburuklyk bilen, çyndan we gulak asyjylyk bilen Hudaýy agtarmaklyk isleseňiz, onda özüni Onuň ylhamy diýip yglan edýän kitaba ýüzleniň. Aýratyn hem Isa Mesihiň durmuşy hakynda gürrüň berýän Injile ýüzleniň. Oňa özüňiz bilen duşuşmaklyga we size Özüniň hakykylygyny görkezmekligine mümkinçilik beriň. Eger Hudaý sizi ynandyraýanynda, özüňiziň ynanmaga we gulak asyjy bolmaklyga taýyn bolan erkiňiz we aklyňyz bilen geliň. Markusyň ýa-da Ýahýanyň Hoş Habaryny okamaklyga girişseňiz bolmazmy? Doly duýgulara eýe bolmaklyk üçin, bu kitaplaryň islendigini bir oturyşyňyzda okasaňyz hem bolýar (mümkin bolsa täze terjimede). Onsoň ony ýene-de gaýtadan, ýöne haýallyk bilen, her gün bir bapdan okasyňyz hem bolýar. Okamaklyga başlamazyňyzyň öň ýanynda, belki şeýle dileg edersiňiz: «Hudaý, eger Sen bar bolsaň (munuň şeýledigini men anyk bilmeýärin) we eger şu dilegi eşidýän bolsaň (Seniň eşidýändigiňi hem men bilmeýärin), onda men Seni çyn ýüregim bilen agtarýandygymy Saňa aýtmak isleýärin. Isanyň hakykatdan hem Seniň Ogluň we dünýäniň Halasgärimi ýa-da ýokdugyny maňa aýan et. Eger munuň şeýledigine Sen maňa ynam berseň, onda men Oňa öz Halasgärim hökmünde ynanyp, Onuň yzyna Öz Rebbim hökmünde eýererin». Bu dilegi aýtmaklyk bilen, hiç kim hem lapykeç bolýan däldir. Hudaý adama hiç zat hem bergili däldir. Ol her bir çyn gözlegi hormatlaýandyr. Ol Özüni hakykatdan hem gözleýänleri sylaglaýandyr. Mesihiň wadasy gaty ýönekeýdir: agtaryň we taparsyňyz. I. MESIHIŇ ŞAHSYÝETI 2. Mesih Özüni kim diýip yglan etdi Eger tapmak isleýän bolsaň, onda agtarmalydygyny biz eýýäm gördük. Gözlegi nireden başlamaly? Gözlegiň başlamaly ýeke-täk ýeriniň Nasyraly Isanyň taryhy şahsyýeti diýip, mesihiler jogap berýärler; çünki eger Hudaý gepläp, hereket eden bolsa, onda Ol muny has doly we kämil ýagdaýda Isa Mesihde eden bolmaly. Esasy sorag, ine, şeýle: nasyraly agaç ussasy Hudaýyň Oglumydy? Mesihiligi öwrenmekligiň Isa Mesihiň şahsyýetinden başlanmaklygynyň iki sany esasy sebäbi bardyr. Birinjisi — bu, esasynda, mesihiligiň Mesihdigindedir. Mesihiň şahsyýeti we Onuň işi — bu bütin mesihi ynamynyň gurnalan güýjüdir. Eger Ol Özüni yglan Edeni bolmasa we eger Ol Özüniň aýtmagy boýunça, ýerine ýetirmeli işini heniz ýerine ýetiren bolmasa, onda esas dargadylandyr we bütin bina ýykylar. Mesihilikden Mesihi aýryň we siz ony boşadarsyňyz we ondan hiç zat hem galmaz. Mesih — mesihiligiň merkezidir, galan zatlaryň bary bolsa Onuň daşynda gurulýandyr. Biz şu wagt Onuň tebigatynyň filosofiýasyny we Onuň ulgamynyň gymmatlygyny ýa-da Onuň ahlaklylygynyň hilini derňemek islemeýändiris. Biz ilki bilen Onuň şahsyýeti bilen gyzyklanýandyrys. Ol kim bolupdyr? Ikinjiden, eger Isa Mesih biziň öňümizde edil täsin hudaýlyk Şahsyýet hökmünde durýan bolsa, onda beýleki ençeme kynçylyklar öz-özlerinden, ýagny tebigy ýagdaýda çözülýändir. Eger Isa hudaýlyk bolan bolsa, onda Hudaýyň barlygy subut edilendir we Onuň häsiýeti açylandyr. Biz adamzadyň ykbaly hakyndaky, ölümden soňky ýaşaýyş hakyndaky, Köne Ähtiň maksady we onuň tutýan orny hakyndaky, haçyň manysy hakyndaky soraglarymyza jogaplar alyp başlaýandyrys, çünki Isa bu hakynda aýdypdy we eger Ol hudaýlyk Şahsyýet bolýan bolsa, onda Onuň taglymaty hem hakyky bolmalydyr. Şeýlelik bilen, biziň barlagymyz Isa Mesihden başlamalydyr, Ony tanamaklyk üçin bolsa Injile ýüzlenmeklik wajypdyr. Häzirlikçe Injili Mukaddes Kitabyň bir bölegi hökmünde kabul etmeklik wajyp däldir, olara edil taryhy ýazgylar hökmünde seretmeklik ýeterlidir, çünki olar dogrudan hem şeýledirler. Şu wagt biz ol ýazgylaryň edebi gelip çykyşy hakyndaky soraga seredip bilmeýändiris (Täze Ähtiň dogrulygy baradaky sorag boýunça F. F. Brýusuň «Täze Ähtiň dokumentleri: olar dogrumy?» diýen kitabyna seret, bäşinji çap, 1990). Ol ýazgylaryň awtorlarynyň mesihilerdigini, mesihileriň bolsa dogruçyl adamlardyklaryny, Injiliň mazmunynyň bolsa ähli dogry wakalary we diri şaýatlaryň pikirlerini birleşdirýändigini aýtmaklyk ýeterlidir. Ýöne häzirlikçe biz Injile edil Isa Mesihiň durmuşynyň we Onuň taglymatynyň anyk we esaslandyrylan ýazgylaryna bolşy kimin gatnaşyk ederis. Biz iň umumy we ýönekeý bolan zatlarda ünsümizi jemlejekdiris. Biziň maksadymyz — Isanyň Hudaýyň Ogludygyny subut etjek şaýatlyklary getirmeklikdir. Bizi Onuň Hudaýlygyny kesgitli bolmadyk yglan etmeler kanagatlandyrýan däldir; biziň üçin Onuň Hudaýlygyny anyklamak gerekdir. Biz Onuň Hudaý bilen hiç kime mahsus bolmadyk baky gatnaşyga eýe bolandygyna ynanýarys. Biz Ony adam maskasyny geýin Hudaý ýa-da Hudaýyň häsiýetine eýe bolan adam diýip hasaplamaýarys, biz Ony edil Hudaýadam ýaly bilýändiris. Biz Isanyň taryhy şahsyýet bolandygyna, Onuň iki kesgitli we kämil bolan, ýagny hudaýlyk we adamzat häsiýetine eýe bolandygyna ynamlydyrys, diýmek, Ol kämil we baky ýeke-täk bolupdyr. Diňe şeýle bolanynda, Ol hormata we seždä mynasyp bolup bilýändir. Şaýatlyk hiç bolmanda üç bölümden ybaratdyr: ol Isanyň Özüni kim diýip yglan edenine, Onuň görkezen häsiýetine we Onuň ölülerden täzeden direlenine degişlidir. Bu şaýatlyklaryň hiç biri hem aýratynlykda netije çykarmaklyk üçin mümkinçilik berýän däldir. Emma bu üç şaýatlyklar hem birleşip, şol bir netijäniň üýtgewsizdigini subut edýändirler. Şeýlelik bilen, birinji şaýatlyk — bu Isanyň Özüniň tassyklamasydyr. Arhiýepiskop Uilýam Gempl şeýle diýýär: «Eger Isa Mesihiň barlygyna nähili bolsa-da, bir şaýatlyk bar bolsa, onda bu haýran galdyryjy sözleri aýdýan Şahsyýetdir». Elbetde, ymtylyşlaryň özleri şaýatlyklary düzýän däldir, emma biziň öňümizde düşündirişi talap edýän hadysadyr. Aýdyňlyk üçin biz dört sany dürli ymtylyşlara düşündiriş berdik. Onuň Özüne ugrukdyrylan taglymaty Isanyň taglymatyndaky iň täsin zat — bu Onuň mydama Özi hakynda gürrüň edenligidir. Onuň Ata-Hudaý we Hudaýyň Şalygy hakynda köp aýdandygy dogrudyr. Emma soňunda Ol Özüniň Hudaýyň Ogludygyny we Özüniň Şalygy miras almaklyk üçin gelendigini hem aýdypdy. Şalyga girmeklik adamlaryň Isanyň sözüne bolan gatnaşyklaryna baglydy. Isa hatda hiç-de şübhelenmän, Hudaýyň Şalygyny Özüniň Şalygy diýip aýtdy. Isanyň Özi hakyndaky taglymatynyň şu ugry Ony dünýäniň beýleki beýik mugallymlaryndan aýratyn edýändir. Olar özlerini ret etdiler. Isa bolsa Özüni ähli zadyň başynda tutdy. Olar adamlara nähilidir bir ugur görkezip, şeýle diýdiler: «Ine hakykat, men ony şeýle görýärin; oňa hyzmat ediň». Isa bolsa: «Men Hakykatdyryn, Meniň yzyma eýeriň» diýdi. Dünýädäki dinleri esaslandyryjylaryň hiç biri hem şeýle diýmeklige batyrgaýlyk tapmadylar. Isanyň sözlerini okanymyzda, at çalyşmasy biziň ünsümizi berk özüne çekýändir. Mysal üçin: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz». Ýahýa 6:35 «Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar». Ýahýa 8:12 «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölsede, ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez». Ýahýa 22:25-26 «Men — ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez». Ýahýa 14:6 «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar». Matta 11:28-29 Onuň taglymatynyň birinji böleginiň berýän wajyp soragy, ine, şeýledi: «Siz Meni kim hasaplaýarsyňyz?». Ol Özüni Ybraýymyň göreninde, onuň şatlanandygyny, Özi hakda Musanyň ýazandygyny, Ýazgylarda Özi hakynda şaýatlyklaryň bolandygyny we Köne Ähtiň üç sany esasy böleginde, ýagny kanunda, pygamberlerde, Ýazgylarda Özüne degişlileriň bardygyny tassyklady (Markus 8:29; Ýahýa 8:56; 5:46; 5:39; Luka 24:27, 44). Lika Isanyň gaýgyly ýagdaýda Özüniň doglan obasy bolan Nasyradaky sinagoga barşy hakynda jikme-jik gürrüň berýär. Isa Köne Ähtiň Ýazgylary bolan bukjany berýärler we Ol ýerinden turup, okap başlaýar. Onuň okan bölegi Işaýanyň kitabynyň 61-nji babynyň 1–2 aýatlarydy: «Reb Ýehowanyň Ruhy Meniň üstümde, çünki garyplara hoş habary wagyz etmek üçin Reb Meni belledi. Ol Meni göwni synyklara şypa bermäge, ýesirlere azatlygy we bendilere zyndanyň açyklygyny yglan etmäge iberdi. Rebbiň oňlan ýylyny, Hudaýymyzyň öç alyş gününi yglan etmäge, ähli ýaslylara göwünlik bermäge iberdi». Onsoň ol kitaby ýapyp, ony sinagoga yzyna berdi we ýerinde oturdy. Şol wagt bolsa ähli diňleýänleriň gözleri Oňa gönükdirilendi. Ol ümsümligi täsin sözler bilen kesdi: «Siziň diňlän şu ýazgylaryňyz berjaý boldy». Başgaça aýdanyňda, «Işaýa Men hakda ýazypdy». Özi hakynda Isanyň şeýle pikirde bolmaklygy bilen, Onuň adamlary Özüne çagyrandygy geň galar ýaly däl. Iş ýüzünde bolsa Ol diňe bir çagyrmady, Ol hatda tabşyryklar berýärdi. «Meniň ýanyma geliň, — diýýärdi Ol, — Meniň yzyma eýeriň». Eger adamlar Onuň ýanyna gelseler, onda Ol agyr ýüklüleriň ýüklerini ýeňilletmegi, açlara iýmit bermekligi we suwsanlary gandyrmaklygy wada beripdi. Geljekde bolsa Onuň şägirtleri Oňa tabyn bolup, adamlaryň öňlerinde Ol hakynda güwälik etmelidiler. Onuň şägirtleri Isanyň şeýle ymtylyşlaryny boýun alypdylar we öz hatlarynda Pawlus, Petrus, Ýakup we Ýahuda özlerini Onuň gullary diýip aýtmaklyga bagtlydylar. Ondan-da artygy, Isa Özüniň döwürdeşlerine olaryň ynamlarynyň we söýgüleriniň Özüne gönükdirilmegini hödürläpdi. «Ine Hudaýyň işi, — diýip, Ol aýdypdy, — Onuň iberenine siziň ynanmaklygyňyzdyr». Eger Oňa ynanmaklyk — bu adamyň ilkinji borjy bolan bolsa, onda Oňa ynanmazlyk — bu iň elhenç günä hasaplanylýandyr (Ýahýa 6:29, 3:36, 8:24, 16:8, 9). Ýene-de, birinji we iň wajyp parz — Hudaýy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aklyň bilen söýmelidigi hakynda aýdýandyr. Muňa seretmezden, Isa iň beýik adam söýgüsine aç-açan ymtylyş etdi. Ol şeýle diýdi: atasyny, enesini, ogluny ýa-da gyzyny Özünden artyk söýen, Oňa mynasyp däldir. Iş ýüzünde bolsa, diri ýewreý serişdesi bolan — deňeşdirmeklik bilen tapawudy görkezmeklige baş goşup, Isa şeýle diýdi: «Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir» (Matta 10:37; Luka 14:26). Ol Hudaýyň niýetindäki Özüniň roluna şeýle bir ynanýardy welin, Göklere gaýdyp geleninde Öz ornuny tutjagy ibermeklik kararyny kabul edipdi. Ol Mukaddes Ruhdy. Mesih oňa «Teselli Beriji» diýip atlandyrmagy halaýardy. «Teselli beriji» grek dilinde aklaýjyny, goragçyny aňladýan ýurudiki sözdür. Mukaddes Ruhuň işi — bu Isanyň işini dünýäniň alnynda goramaklykdyr. «Ol Men hakda güwälik eder», — diýip, Isa aýdypdy. Ýene-de: «Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer» (Ýahýa 16:14, 15:26). Şeýlelik bilen, Mukaddes Ruhuň dünýä bolan güwäligi hem, ýygnaga bolan ylhamy hem Isa Mesihe degişlidir. Günleriň birinde Isa şeýle diýip aýdypdy: «Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» (Ýahýa 12:32). Ol geljekde haçyň erkekleri we aýallary özüneçekiji täsiri hakynda bilýärdi. Emma Onuň sözleri boýunça, adamlar ilki bilen ne Hudaýa, ne ýygnaga, ne hakykata ýa-da adalatlyga däl-de, hut Onuň Özüne çekiljekdikler. Bu taglymatyň iň täsin zady — ony kiçigöwünli bolmaklygy ündew Edeniň Özüniň wagyz edendigidir. Ol şägirtleriniň özlerine çendenaşa üns bermeklerini höküm edipdi, şägirtleriniň beýik bolmaklyk islegleri Ony bizar edýärdi. Ýöne Isa Özüniň wagyz edýänine eýerdimikä? Ol kiçijik çagany alyp, ony mysal hökmünde ortada goýdy. Onuň Özi üçin Onda başga talap barmydy? Onuň göni ymtylyşlary Isa Özüni Köne Ähtiň pygamberlik edip aýdan Mesihidigini bilýändigi aýdyň. Ol pygamberleriň ençeme nesilleri tarapyndan pygamberlik edilen Hudaýyň Şalygyny gurnamaklyk üçin geldi. Ýene bir wajyp zat: Onuň adamlara wagyz eden we ýazgylarda galan ilkinji sözi — bu «wagt doldy», birinji sözlemi bolsa — «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» (Markus 1:15). Ol Özi üçin Ynsan Ogly adyny aldy. Bu at Mesih üçin hemmeler tarapyndan kabul edilen atdy we bu at başda Daniýeliň ylhamlarynyň birinden alnypdy. Ol ruhanylar bilen gürleşende bolsa, «Hudaýyň Ogly» adyny kabul edipdi, bu bolsa Mezmur 2:7-den alnan Mesihiň ýene bir adydy. Ol Öz işini Işaýa pygamberiň kitabynyň soňky böleginde suratlandyrylýan Hudaýyň ejir çekiji guly hökmünde gördi. Onikiler üçin Onuň taglymatynyň iň wajyp ýeri Kaýsariýa-Filipi etrabynda Simun Petrusyň Isa edil Mesih hökmünde ynanmaklygy boldy. Belki beýleki şägirtler Ony pygamberleriň biri hökmünde kabul edendirler, emma Petrus Isany pygamberleriň welilik bilen aýdanlarynyň Oldugyny boýun aldy. Isa ýöne bir nyşanlaryň biri bolman, eýsem Ol ähli nyşanlaryň eltýänidi (Markus 14:61-62; 8:27-29 seret). Isanyň bütin hyzmaty şunuň ýerine ýetmekliginiň duýgusy bilen doldurylandyr. «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly! — diýip, Isa şägirtleri bilen ýekelikde galanynda aýdypdy. — Size aýdýaryn: köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler» (Luka 10:23; Matta 13:16-17). Emma biziň syn edýän göni ymtylyşlarymyz diňe bir Isanyň Mesih bolandygyna degişli bolman, eýsem Onuň Hudaýlyk tebigatyna hem degişlidir. Onuň Özüni Hudaýyň Ogly diýip aýdan tassyklamasynda diňe bir Mesih adyna bolan ymtylyşdan uly zat bardyr. Bu tassyklama Isanyň Hudaý bilen bolan täsin we baky gatnaşygyny beýan edýändir. Bu beýik ymtylyşa üç mysal getirmeklik mümkindir. Birinjiden, biz Hudaý bilen edil «Ata» hökmünde bolan berk gatnaşygy görýändiris we bu hakda Isanyň Özi hem mydama aýdardy. Eýýäm ýigrimi ýaşynda Isa Özüniň ýerdäki ata-enesini Özüniň Göklerdäki Atasynyň işine berlendigi bilen geň galdyrypdy. Ol şeýle tassyklama hem edipdi: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin». Ýahýa 5:17 «Atam Ikimiz birdiris». Ýahýa 10:30 «Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň». Ýahýa 14:10-11 Dogrudanam, Ol öz şägirtlerine hem Hudaýa şeýle, ýagny Ata bolşy kimin ýüzlenmekligi öwretdi. Emma Isanyň Hudaýa bolan ogullyk gatnaşygy şeýle bir tapawutlydy welin, Isa muny ünssüz galdyryp bilmedi. Onuň üçin Hudaý — «Meniň Atam». Şonuň üçin hem Ol Magdalaly Merýeme şeýle diýdi: «Meniň Hudaýymyň we seniň Hudaýyňyň ýanyna çykyp barýaryn». «Men biziň Atamyzyň ýanyna çykyp barýaryn» diýip aýtmaklyk mümkin däldi. Bu aýatlar Ýahýanyň Hoş Habaryndan alnandyr, emma Isa Özüniň Ata bilen täsin gatnaşygy hakynda Mattanyň Hoş Habarynda hem gürrüň berýär (Matta 11:27) we şeýle diýýär: «Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir». Isanyň Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy hakynda dogrudan hem aýdandygyny ýewreýleriň arasynda dörän nägilelik hem tassyklaýandyr. «Ol Özüne Hudaýyň Ogly diýýär» diýip, olar aýtdylar (Ýahýa 19:7). Onuň Özüni Hudaý bilen deňeşdirmegi şeýle bir aýdyňdy welin, Ol tebigy halda adamlaryň gatnaşygyny Özüne we Öz gatnaşyklaryny Hudaýa meňzetdi. Şeýlelikde, Isany bilmeklik — Hudaýy bilmekligi aňladýardy; Isany görmeklik — Hudaýy görmekligi aňladýardy; Isa ynanmaklyk — Hudaýa ynanmaklygy aňladýardy; Isany kabul etmeklik — Hudaýy kabul etmekligi aňladýardy; Isany ýigrenmeklik — Hudaýy ýigrenmekligi aňladýardy; Isany hormatlamak — Hudaýy hormatlamagy aňladýardy; Ýahýa 8:19, 14:7, 12:5, 14:9, 17:44, 14:1; Markus 9:37; Ýahýa 15:23, 5:23 Bu Isanyň Özüniň Hudaý bilen täsin gatnaşyklarynyň tassyklamalarynyň käbirleridir. Iki gezek Ol mundan-da göni tassyklamalary aýtdy. Olaryň birinjisi Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň soňunda ýazylandyr. Ol şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez». «Ybraýym-da öldi, pygamberlerde, — diýip, olar garşy çykdylar, — Sen atamyz Ybraýymdan ulumy? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» «Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy» diýip, Isa jogap berdi. Ýewreýler öňküsinden hem beter gaharlandyrlar: «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» Şu ýerde Isa Özüniň şu wagta çenli etmedik ýene bir batyrgaý tassyklamasyny aýtdy: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn». Şonda olar ellerine daş alyp, ony daşlamaklygy çözdüler. Musanyň kanuny Hudaýa dil ýetirenleri daşlamaklygy buýurýardy we ilki bilen göräýmäge, olar Isanyň bu sözlerinde nähili Hudaýa dil ýetirmäni gördülerkä diýip geň galmak bolýandyr. Elbetde, Ol Özüniň Ybraýymdan hem ozal bolandygyny aýtdy. Ol bu barada kän aýdýardy. Ol «göklerden gelip, Ata tarapyndan iberilipdi». Bu ymtylyş çydarlydy we ýeterli derejede günäsizdi. Soňuna serediliň. Üns bereliň, «Ybraýym dogulmazyndan ozal Men bardyryn». «Men bardyryn» diýmekligi bilen, Isa Özüniň Ybraýymdan ozal hem baky bolandygy hakynda aýtdy. Emma bu-da heniz hemmesi däl. Bu «Men bardyryn» diýen jümlede baky ýaşaýşa ymtylyşdan hem uly zat bardyr; bu ýerde Hudaýlyga bolan ymtylyş bardyr. «Men bardyryn» — bu at bilen Hudaý Özüni Musa ýanyp duran otda aýan edipdi: «Ysraýyllaryň ýanyna seni atababalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr» (Çykyş 3:15). Isa bu hudaýlyk ady arkaýyn Özüne degişli etdi. Hut şunuň üçin hem ýewreýler daş alyp, ony Hudaýa dil ýitirmeklikde günäkärläp, jezalandyrmak islediler. Hudaýlyga bolan şeýle göni ymtylyşlaryň ikinji mysalyny biz Isanyň ölülerden direleninden soň görýäris (eger biz birsalymlap, ölülerden direliş boldy diýip boýun alsak). Ýahýa (20:26-29) Pesah baýramyndan soňky dynç güni Tomasyň ähli şägirtler bilen öýde bolanynda, Isanyň peýda bolandygy hakynda gürrüň berýär. Isa Öz ýaralaryny Tomasyň elläp görmekligini teklip etdi we aňk-taňk bolan Tomas şeýle diýdi: «Rebbim, Hudaýym!» Isa bu ady kabul etdi. Isa Tomasy onuň sežde edendigi üçin däl-de, ynamsyzlygy üçin käýedi. Onuň goşmaça beýannamalary Isa Özüniň Hudaýlygy hakynda göni bolşy ýaly, goşmaça ýagdaýda hem deň güýli beýannama etdi. Onuň wagyzlarynyň esasy Özüniň tebigaty hakynda göni tassyklamalary ýaly Özi hakyndaky oňat sözler bilen aýdylan şaýatlyklardyr. Köplenç Ol diňe Hudaýa mümkin bolan ýagdaýda hereket etdi. Şeýle mysallaryň dördüsini getirmek bolýandyr. Birinjiden, Ol günäleri bagyşlaýandygyny tassyklady. Injiliň iki böleginde Isanyň günäkärleri bagyşlaýşy hakynda gürrüň berilýändir (Markus 2:1-12; Luka 7:36-50). Birinji gezek Isanyň ýanyna ysmazy getirdiler. Ysmazyň dostlary Isanyň duran jaýynyň üçegini aýryp, syrkawy düşegi bilen Onuň ýanyna düşürdiler. Isa yzmazyň keseliniň aslynda ruhy keseldigini gördi. Onsoň Öz sözleri bilen märekäni geň galdyrdy: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi». Ikinji gezek Ol özüniň ahlaksyzlygy bilen meşhur bolan aýalyň günälerini bagyşlaýandygyny hemmeleriň öňünde aýtdy. Isa fariseýiň öýüne gelip, saçak başynda oturanynda, ol aýal gelip, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwdy, saçlary bilen olary süpürişdirdi, onsoň ogşady we ýag bilen çaldy. Isa oňa: «Seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Iki ýagdaýda hem Onuň ýanynda oturanlar gaşlaryny galdyryp: «Kim bu? Bu neneň Hudaýa dil ýetirmeklik? Hudaýdan başga kim günäleri ötüp bilýändir?» diýip soradylar. Bu soraglar gaty dogry berlipdi. Bize başga biriniň ýetiren agyrysyny bagyşlap bolýandyr; emma biziň Hudaýa garşy eden günälerimizi diňe Hudaýyň Özi bagyşlap bilýändir. Mesih ýaşaýyş bermeklik bilen, Özüniň hudaýlyk tebigatyny tassyklady. Ol Özi hakynda «ýaşaýyş çöregi», «ýaşaýyş» we «ölülerden direliş we ýaşaýyş» diýip aýtdy. Ol Özüniň yzyna eýerýänleriň baglydyklaryny şahalaryň üzüm agajyndan iýmitlenişi bilen deňeşdirdi. Ol samariýaly aýala «ýaşaýyş suwuny» teklip etdi we eger ýaş baý ýigit gelip, Onuň yzyna eýerse, onda oňa baky ýaşaýşy berjekdigini wada berdi. Ol Özüni Oňat Çopan diýip atlandyrdy. Ol Öz goýunlary üçin diňe bir Öz janyny pida etmän, hatda olara ýaşaýyş hem berýändir. Ol Özüne Hudaýyň ähli ygtyýarlygy berendigi we Hudaýyň Özüne berenleriniň ählisine baky ýaşaýşy berjekdigini aýtdy we «Ogluň islänini direltjekdigini» yglan etdi (Ýahýa 6:35, 14:6, 11:25, 15:4, 5; 4:10-15; Markus 10:17-21; Ýahýa 10:28), 17:2, 5:21). Bu tassyklama şeýle bir kesgitlidi welin, Onuň şägirtleri munuň hakykatdygyny anyk görüp bildiler. Isany terk etmeklik olar üçin mümkin däldi. «Kime biz gideliň?» diýip, Petrus sorady. «Sende baky ýaşaýşyň sözleri bardyr». Ýaşaýyş — tapmaçadyr. Giziki ýa-da ruhy bolýandygyna seretmezden, onuň tebigaty edil gelip çykyşy ýaly düşnüksizdir. Biz onuň nämädigini kesgitläp hem bilýän däldiris, niredendigini hem anyklap bilýän däldiris. Biz oňa diňe Hudaýyň sylagy diýip bilýändiris. Bu Isany wada beren sylagydyr. Isanyň üçünji goşmaça beýannamasy — Onuň hakykata öwredýänliginde jemlenendir. Biziň ünsümizi özüne çekýän zat Onuň öwreden hakykatlary däl-de, eýsem Onuň wagyzlarynyň gönüligidir. Isanyň döwürdeşleri Onuň akyldarlygyna gaty geň galypdylar: «Ol muny nireden bilýär? Oňa nähili akyldarlyk berlen?.. Ol agaç ussasy dälmi ahyryn?..» «Nädip Ol öwrenmän, ýazgylary gowy bilýär?» Emma Onuň Öz ygtyýarlygyna düşünjesi olara has-da haýran galdyrdy: «Hiç haçan hem adam Onuňky ýaly geplemändi». «Onuň sözi ygtyýarlydy». «Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Isa olara öz kanunçylary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi». Markus 6:3; Ýahýa 7:15, 46; Luka 4:32; Matta 7:28-29 Eger Onuň ygtyýarlygy kanunçylaryň ygtyýarlygy bolmadyk bolsa, ol pygamberleriňki hem däldi. Kanunçylar hiç haçan hem Mukaddes Kitapdan aýatlar getirmän öwretmeýärdiler. Pygamberler bolsa Taňrynyň ygtyýarlygy bilen gepleýärdiler. Emma Isa bolsa Özüniň hususy ygtyýarlygyny wagyz etdi. Onuň sözleri «Taňry şeýle diýýär» däl-de, «Hakykatdan-da Men size diýýärin» diýip başlaýardy. Iş ýüzünde bolsa, Ol Öz taglymatyny edil Özüniňki ýaly däl-de, Özüni iberen Atanyňky ýaly beýan etdi. Muňa seretmezden, Ol Özüniň Hudaýyň ylhamynyň göni serişdesi bolýandygyny bilýärdi we şonuň üçin hem Ol uly şahsy ynamlylyk bilen geplemäge mümkinçiligi bardy. Ol hiç haçan hem şübhelenmedi we hiç haçan hem ötünç soramady. Ol Öz-Özüne garşy geplemeýärdi, sözlerini yzyna almaýardy ýa-da bir gezek aýdanlaryny beýleki gezek başgaça edip üýtgetmeýärdi. Ol Hudaýdan bolan iki manyly bolmadyk sözleri aýdýardy. Ol geljegi ynamlylyk bilen öňünden aýdardy. Ol ahlak parzlaryny berýärdi: «Öz duşmanyňy söý», «Ertiriňiz hakynda alada etmäň», «Höküm etmäň, özüňiz hem höküm edilmersiňiz». Ol wadalar berdi we olaryň ýerine ýetjekdigine hiç-de şübhelenmedi: «Soraň, alarsyňyz». Ol Öz sözleriniň kanunlar ýaly hiç haçan öçmezek we bakydygyny tassyklady. Ysraýyllaryň ykballarynyň Taňrynyň sözlerine beren jogaplaryna bagly bolşy ýaly, Isa hem Özüni diňleýänleriň Onuň taglymatyna bolan gatnaşyklaryna baglydygyny duýduryş berdi. Isa dünýäni höküm etmeklige Özüniň hakynyň bardygyny yglan etdi. Bu Onuň ähli ymtylyşlarynyň iň geň galdyryjysy bolsa gerek. Onuň birnäçe tymsallarynda ahyrýet gününde Özüniň gaýdyp geljekdigi göz öňünde tutulýar, soňky höküm güni hem Onuň gaýdyp gelmegine çenli yza çekdirilendir. Onuň Özi ölülerden direler we ähli milletler Onuň öňünde ýygnanarlar. Ol öz şöhratynyň tagtynda oturar we höküm Ata tarapyndan Oňa berler. Şonda Ol edil çopanyň geçileri goýunlardan aýryşy ýaly, adamlary bir-birlerinden aýrar. Birlerini Ol özleri üçin dünýä gurlandan bäri taýýarlanan Şalygy miras almaklyga çagyrar. Beýlekiler bolsa Onuň şeýle sözlerini eşiderler: «Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň» (Matta 25:31-46; Ýahýa 5:22, 28-29). Emma Isa diňe bir kazy bolýan däldir; adamlaryň birbirlerinden aýrylmaklygynyň ölçegi olaryň Isanyň «doganlaryna» bolan gatnaşyklary arkaly kesgitlenilýändir. Adamlaryň öňlerinde Ony ykrar edenleri, Ol hem Atasynyň öňünde ykrar edýändir; Özüni ret edenleri bolsa, Ol hem ret edýändir. Iş ýüzünde bolsa, adamy soňky günde göklerden kowmaklyk üçin Isa şeýle diýmek ýeterlidir: «Men sizi asla tanamaýaryn» (Ýahýa 12:47-48; Matta 10:32-33, 7:23). Bu tassyklamanyň beýikligine artykmaç baha bermeklik gaty kyndyr. Biziň döwrümizde ýygnaga gelenlere şeýle sözler bilen ýüzlenýän ruhanyny göz öňüňize getiriň: «Meniň sözlerime berk üns beriň. Siziň ykbalyňyz bakyýetde hut şolara baglydyr. Ahyrýet gününde men sizi höküm etmeklik üçin dolanyp geljekdirin we siziň Maňa tabyn bolşyňyza laýyklykda, ykbalyňyz çözüljekdir». Şeýle wagyzça polisiýa ýa-da psihiatr bilen iş salyşmak garaşýan bolsa gerek. Hakykata öwtülen Onuň ymtylyşlary Indi biziň üçin Isanyň amala aşyran we beýan edilen täsinliklerine syn etmeklik galýandyr. Ol täsinliklere Onuň hakykata öwrülen ymtylyşlary diýip bolýandyr. Biz täsinlikleriň mümkinçiligi we maksady hakynda jikme-jik durup geçjek däldiris. Mesihiň täsinlikleriniň gymmaty — olaryň adatdan daşary tebigatynda däl-de, olaryň ruhy ähmiýetindedigini görkezmeklik ýeterlidir. Olar neneň täsinlik bolýan bolsalar, şonuň ýaly-da alamatdylar. Olar hiç haçan hem şahsy bähbitlik üçin ýa-da ýöne ýere edilen däldir. Olar artykmaçlygy görkezmeklik ýa-da adamlaryň boýun bolmaklygyny gazanmaklyk üçin amala aşyrylan däldir. Olar fiziki mümkinçilikleri däl-de, ahlak güýjüni görkezýärdiler. Ahyrynda, bularyň bary Isanyň iş ýüzünde amala aşan tymsallarydy. Olar Isanyň tassyklamalaryny aýdyň beýan edýändir. Onuň işleri aýdan sözlerini herekete öwürýändir. Ýahýa muny aýdyň gördi. Ol özüniň Injilini alty ýada ýedi sany saýlanan alamatlaryň daşynda gurnaýar (20:30-31 seret) we olary Isanyň Özi hakynda «öňden hem bar Bolan» beýik tassyklamalary bilen baglanyşdyrýar. Ilkinji alamat Jeliläniň Kana şäherinde toý dabarasyndaky suwy şeraba öwrenidir. Bu alamat ýa-da täsinlik öz-özünden aýratyn bir öwüt beriji hem däldir. Onuň manylylygy göz-görtel däldir. Ýahýa şeýle gürrüň berýär: «Şol ýerde ýehudylaryň täret kylmak üçin ulanylýan, her biri iki ýa üç ölçeg tutýan alty sany daşdan ýasalan suw küýzesi bardy» (Ýahýa 2:6). Ine, hut şu hem biziň gözleýän açarymyzdyr. Suw asyl manysynda köne dini aňladýandyr (edil Köne Ähtdäki Ýakubyň guýusy ýaly). Şerap bolsa Isanyň taglymatyny aňladýandyr. Onuň suwy şeraba öwrüşi ýaly, Injil hem kanuny çalşar. Täze tertibi girizmekligiň Onuň ygryýarlygyndadygyny şu kanun tassyklady. Ol Mesihdi. Ol tizara samariýaly aýala: «Ol — Mendirin» diýer. Edil şuňa meňzeşlikde, Isa bäş müň adamy doýurmaklygy bilen ýüregiň açlygyny hem Özüniň gandyryp biljekdigini görkezdi. «Men ýaşaýyş çöregidirin» diýip, Ol biraz soňra aýtdy. Ol: «Men dünýäniň yşygydyryn» diýip, kör bolup doglanyň gözüni açdy. Eger Ol körüň gözüni açyp bilýän bolsa, onda adamlaryň Hudaýy görüp, Ony tanap bilmekleri üçin olaryň gözlerini hem açyp bilýändir. Ahyrsoňy, Ol: «Men täzeden direliş we ýaşaýyş» diýip, bireýýäm dört günläp öli bolan Lazar atly adamy täzeden durmuşa getirdi. Ol öli adamy direltdi. Bu alamatdy. Teniň ýaşaýşy janyň ýaşaýandygyny aňladýardy. Isa Özüniň ölüminiň öň ýanynda ynanýan adam üçin ýaşaýyş bolup bilerdi we ölümden direleninden soň bolsa, ynanýan adam üçin direliş boldy. Bu täsinlikleriň bary tymsallardyr, çünki bu adamlar açdyrlar, kördürler we ruhy taýdan ölidirler. Diňe Mesih olaryň açlyklaryny doýduryp, gözlerini açyp we täze durmuş üçin täzeden direldip bilýändir (Ýahýa 6:35, 8:12, 11:25). Netije Bu tassyklamalaryň ählisini Nasyraly agaç ussasynyň taglymatyndan aýryp taşlamak mümkin däldir. Olar hoş habarçylar tarapyndan oýlanyp tapylypdyr ýa-da gaty ulandylyp görkezilipdir diýip atýmak mümkin däldir. Olar giňişleýin we birmeňzeşlikde dürli Hoş Habarlarda we Hoş Habar çeşmelerinde ýerleşdirilendir; olaryň oýlanyp tapylarlary ýaly, umumy suratlandyryş gaty sazlaşykly we deňagramlylyklydyr. Biz bu tassyklamalary görýändiris. Olar öz-özlerinde heniz hudaýlygyň güwäsi bolup durýan däldirler. Olar ýalan bolup bilýändirler, emma olar üçin düşündiriş tapylmalydy. Eger Isa Özüniň taglymatynyň iň wajyp bölegi bolan Özünde doly ýalňyşýan bolsa, onda Oňa mundan beýläk ýöne bir beýik mugallyma bolşy kimin gatnaşyk edip bolýan däldir. Şu ýerde alymlaryň köpleri özlerini aladalandyrýan beýik bolmaklygyň küýsegini gördüler. «Ýönekeý adamdan şeýle tassyklamalary eşitmekligi, özüni ýeriň özeni kimin hasaplamaga çenli ýeten öz-özüňi söýmeklik hasaplamak bolýandyr» (P. T. Forsit «Ýaşaýyş indi we soňra», 1947). Onda näme, diýmek Ol bizi bilgeşleýin aldypdyr-da? Ol Özüniň gözýetimlerini adamlaryň kabul etmekligine eýe bolmaga synanyşdymyka? Onsoň Ol Özüne degişli bolmadyk hudaýlyk ygtyýarlygy Özüniňki etdimikä? Muňa ynanmak gaty kyn. Isada bir mekirsiz zat bardyr. Ol beýlekilerdäki ikiýüzligi ýigrenýärdi we Onuň Özi hem gaty dogruçyldy. Belki-de, Ol çyn ýürekden ýalňyşan bolaýmasyn? Belki Ol Özi barada berk hyýallary döredendir? Bu garaýşyň goragçylary bar, emma bu goragçylaryň hyýallary ondan hem güýlüdir. Adatça biziň aldananlardan we ýitenlerden alýan kadasyzlygyň täsirlerini Isa Özünde galdyrýan däldir. Özüniň häsiýeti Onuň diýýänlerini tassyklaýandyr we hut şu ugurda hem biz öz gözlegimizi dowam etdireris. 3. Isanyň häsiýeti Birnäçe ýyl mundan ozal men özümiň bary-ýogy azajyk tanyş bolan bir ýaş ýigidimden hat aldym. «Men ýaňyja beýik açyşlyk etdim, — diýip, ol maňa ýazypdyr. — Gudratygüýçli Hudaýyň iki ogly bolupdyr. Isa Mesih birinjisi; men bolsa ikinjisi». Men hat bukjasyndaky salga seretdim. Ol maňa tanymal bolan psihiatrik keselhanadan ýazypdyr. Elbetde, beýiklige we hudaýlyga göz dikijiler gaty kyn boldy. Özlerini Ýuliý Sezarlar, prezidentler, Ýaponiýanyň imperatorlary we Isa Mesihler diýip ýalňyşlyk bilen yglan edenlerden psihiatrik keselhanalar doludyr. Ýöne olara hiç kim hem ynanýan däldir. Olaryň özlerinden başga hiç kim hem aldanýan däldir. Olaryň otagdaşlary bolan doganlaryndan başga şägirtleri hem ýokdur. Olar özlerini yglan edenler ýaly alyp baryp bilmeýändikleri sebäpli, özleriniň daş-töweregindäkileri ynandyryp bilýän däldirler. Olaryň häsiýetleri tassyklamalaryny subut etýän däldir. Isanyň hakykatdan hem Özüni Kim diýip yglan eden bolsa, Şonuňky ýaly hem bolşy sebäpli, häzir mesihileriň Mesihe bolan ynamy güýjeýändir. Onuň sözleri bilen işleriniň arasynda hiç hili gapma-garşylyk ýokdur. Elbetde, şeýle adaty bolmadyk tassyklamalaryň hakykydyklaryny subut etmeklik üçin täsin häsiýet wajypdyr, emma biziň pikirimizçe, Isada hut şeýle häsiýet bardy. Onuň häsiýeti Onuň tassyklamalarynyň hakykydygyny subut etmeýändir, emma olary uly derejede goldaýandyr. Onuň tassyklamalary gaty üýtgeşikdi. Onuň häsiýeti täsindi. Jon Stýuart Mill Ony «täsin şahsyýet, Özüniň yzyna eýerijilere bolşy ýaly, Özünden öňkülere hem meňzeş däldi» diýip atlandyrýar (U. H. Griffit Tomasyň «Mesihilik — bu Mesihi» diýlip atlandyrylýan kitabyndan bölek getirildi, 1909). Karnegi Simpson şeýle ýazýar: «Özümiz duýman, biz Ony hiç bir topara hem degişli etmeýäris. Eger biz onuň adyny Konfusiniň adyndan başlap, Gýoteniň ady bilen gutarýan atlaryň arasynda okaýan bolsak, onda biz munuň adaty däl-de, edepliligi bozýandygyny duýýandyrys. Isa — beýik adamlaryň biri däldir. Eger isleseňiz, Beýik Makedonskiý hakynda, beýik Çarlz hakynda we beýik Napoleon hakynda gürrüň ediberiň… Isa bolsa aýratyndyr. Ol Beýik däl. Ol — ýeke-täkdir. Ol — ýöne Isadyr. Muňa hiç zat hem goşmarsyň… Ol — biziň derňewimize ygtyýarly däldir. Ol biziň adamzat tebigatymyzyň kanunlaryny dargadýandyr. Ol biziň tankydymyzy kellämizden hem ýokary bökmeklige mejbur edýändir. Ol biziň ruhumyzy hormat goýmaklyga mejbur edýändir. Çarlz Lemiň şeýle sözleri bardyr: «Eger şu otaga Şekspir girsedi, onda biz ony garşylamak üçin ýerimizden turmaly bolardyk, emma bu Şahsyýet otaga giren bolsady, onda biz dyzymyza çöküp, Onuň geýminiň eteginden öpmäge synanyşmaly bolardyk». P. Karnegi Simpson «Mesihiň fakty», 1930 Şeýlelik bilen, Isanyň aýratyn şahsyýetdigini görkezmeklik biziň üçin şu wagt gaty wajypdyr. Onuň haçan bolsa-da, bir wagt ýaşan beýik adamdygy baradaky oýlama indi bizi kanagatlandyrýan däldir. Biz Isa hakynda ne deňeşdirme, ne-de artykmaçlyk gatnaşygynda gürrüň edip bilýändiris. Biziň üçin bu deňeşdirme däl-de, gapma-garşylyk soragydyr. «Näme üçin sen Maňa ýagşy diýýärsiň?» diýip, Isa bir ýaş baý ýigitden sorady. «Ýok, Hudaýdan başga ýeke-de ýagşy bolan ýokdur». «Hut şeýledir!» diýip, biz jogap beräýmelidik. «Sen ähli adamlardan ýöne oňat däl, Sen adamlaryň iň oňady hem däl, Sen ýagşy — Hudaýyň bolelin ýagşylygysyň». Bu tassyklamanyň manysy düşnükli bolmalydyr. Günä — adamlaryň dogabitdi keselidir. Biz dogulanymyzda bu kesel bilen doglandyrys. Muňa hemmeler we hemişe arz edýärdiler. Emma eger Nasyraly Isa günäsiz bolan bolsa, onda biziň ählimiziň hem bilşimiz ýaly, Ol ýöne adam bolan däldir. Eger Ol günäsiz bolan bolsa, onda Ol bizden tapawutlydyr. Ol adatdan daşarydy. «Onuň häsiýeti beýik täsinliklerden hem üstündi». Tennison Karnegi Simpsonyň kitabyndan bölek getirýär «Onuň günäkärlerden daş bolmaklygy — bu boş zat däldir, bu — gaty täsin zatdyr. Bu — günäleriň ýuwulmagyny wada bermeklikdir. Eger Mesihde şu tarapy bolmasady, onda Halasgär bolup bilmezdi, onda Onuň Özüni hem halas etmeli bolardy». Jeýms Denni «Teologiýadan sapaklar», 9 çap, 1909 Mesihiň günäsizdigi baradaky şaýatlyklary dört bölümde jemlemek mümkindir. Bu barada Isanyň Özi näme pikir etdi Özüniň günäsizdigini Isa bir ýa-da iki gezek göni tassyklapdy. Bir aýaly azgynlykda tutup, ony Isanyň ýanyna getirenlerinde, Ol aýalyň günäkärleýjilerine haýran galdyryjy sözleri aýdypdy: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn». Ýuwaş-ýuwaşdan hemmeler dargaşdylar we ahyrynda günäkärleýjileriň hiç biri hem galmady. Biraz soňra Isanyň ýene-de bir gezek hut şeýle çakylyk edendigi hakynda şol bapda (Ýahýa 8) gürrüň berilýändir. Bu gezek bolsa Ol Özi hakynda aýdypdy: «Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz?» Hiç kim jogap bermedi. Ol adamlary günäkärleninde, olar Onuň ýanyndan aýrylmaklyga çalyşýardylar. Emma Ol Özini günäkärlemekleri üçin çakylyk edeninde, Ol hiç ýere gaçman, jedellere döz gelip bilerdi. Olaryň bary günälidiler; Ol bolsa günäsizdi. Ol Atasynyň erkine bütinleý gulak asmaklykda ýaşaýardy. «Men mydama Atamyň erkini ýerine ýetirýändirin» diýip, Ol göni aýdardy. Onuň bu sözlerinde hiç hili-de magtanmaklyk ýokdy. Ol arkaýynlyk bilen, aljyraňňylyga düşmän, mekirsizlik bilen gepleýärdi. Şeýlelik bilen, Özüniň taglymatynyň tebigatyna görä, Ol Özüni aýratyn şahsyýet etdi. Fariseý hem Ybadathanada özüniň tekepbirlik bilen aýdan minnetdarlygynda hut şeýle hereket edipdi: «Hudaý, özümiň beýleki ähli adamlar ýaly däldigim üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin». Emma Isa Özüniň täsindigini hususy kanagatlanmasy üçin kabul etmedi. Muňa Onuň ünsi çekmekligi aslynda gerek däldi. Bu şeýle bir aýandy welin, ony aýratyn edip görkezmekligiň hiç-de geregi ýokdy. Bu tassyklanylmagyň deregine göz öňünde tutulan bolsa gerek. Ähli adamlar azaşan goýunlardylar; Ol edil Oňat çopan ýaly agtaryp, halas etmeklik üçin geldi. Ähli adamlar günä keseli bilen ejir çekijidiler; Ol edil lukman ýaly şypa bermeklik üçin geldi. Ähli adamlar günäniň we akylsyzlygyň tümlügine batypdylar; Ol bolsa dünýäniň yşygydy. Ähli adamlar günälidiler; Ol bolsa olaryň Halasgäri bolmaklyk, ganyny döküp, olaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin ölmeklik maksady bilen doglupdy. Ähli adamlar açdylar; Ol bolsa ýaşaýyş çöregidi. Ähli adamlara günäleri üçin ölüm garaşýardy; Ol bolsa olaryň şu wagt Ýaşaýşy, soňra bolsa ölülerden direlişi bolup bilerdi. Bu deňeşdirmeleriň ählisi Mesihiň täsin şahsyýetdigini beýan edýändir we Onuň Özi muny anyk bilýärdi. Şonuň üçin hem biziň Isanyň synaglary hakynda bilýändigimize seretmezden, biz Onuň günäleri hakynda hiç zat hem eşiden däldigimiz geň zat däldir. Ol hiç haçan hem Öz günälerine toba edýän däldir; öz şägirtlerinden talap edýändigine seretmezden, Ol ötünç soraýan däldir. Ol ahlak taýdan pese düşmekligi bilýän däldir. Görnüşi ýaly, Oňa Özüni günäkär duýmanlyk we Hudaýdan daş bolmaklyk ýaly duýgular tanyş bolmasa gerek. Onuň suwa çümdürilmegi hakykatdan hem Ýahýa suwa çümdürijiniň aýdan «toba üçin suwa çümdürilmekligidi». Ýöne Isany nädip suwa çümdürmelidigini bilmän, Ýahýa Onuň öňünde çözgütsizlikde doňup galdy. Isa bolsa Özüni günäkär duýandygy üçin suwa çümdürilmäge gelmedi, ýok, Ol «her bir hakykaty ýerine ýetirmeklik» üçin we Özüni beýleki adamlaryň günälerine degişli etmek üçin geldi. Görşümiz ýaly, Onuň Özi Ata bilen berk we üznüksiz birlikde ýaşaýandyr. Bu her bir ahlak taýdan günäkärligiň ýoklugydyr we bu Hudaý bilen arassa gatnaşygyň duýgusydyr. Bu bolsa iki sebäp boýunça has täsindir. Birinjisi — Isa ahlak taýdan düşgürligiň ýiti duýgusy mahsusdyr. «Ol adamyň düýbüni bilýärdi». Onuň içki şübheleri we märekäniň özüni ýitirmekligini okaýandygy hakynda Injilde gürrüň berilýändir. Onuň aýdyň düşünjesi Oňa fariseýleriň ikiýüzlüligini aç-açan paş etmäge rugsat berýärdi. Ol olaryň ikiýüzlüligini ýigrenýärdi. Ol olaryň başlaryna bela çagyrdy we Ol muny edil Köne Ähtiň pygamberleri ýaly hemmelere eşitdirip aýtdy. Şöhratparazlyk we hilegärlik Onuň üçin ýigrenjidi. Ikinjiden, Onuň bilgeşleýin tämizligi hemmeleri geň galdyrýar, çünki bu hiç bir mukaddese-de, hiç bir mistisizmiň tarapdaryna-da meňşeýän bäldir. Hudaýa näçe ýakynlaşdygyňça, şonça-da öz günäleriňi bilýändigiňi mesihiler bilýändirler. Mukaddes adam hut şunda käbir halatda alyma meňzeýändir. Alym näçe açyşlar etdigiçe, ol näbellileri şonça-da gymmat görýändir, ol açyşlara has-da gyzyklanma bilen garaşýandyr. Şeýle, mesihi mesihilikde näçe ösdügiçe, şonça-da ol özüni Mesihden aýyrýan aralagyň neneň uzakdygyny duýýandyr. Eger okyjy üçin onuň öz hususy tejribesi ýeterli bolmasa, onda dürli mesihi terjimehalyna bolan bir gezekki göz gezdiriş munuň şeýledigine ony ynandyrýandyr. Dewid Braýnerd XIX asyryň başlarynda Delawer ştatyndaky hindi taýpalarynyň arasyndaky ýaş wagyzçylaryň ilkinjileriniň biri bolupdyr. Onuň gündeligi we hatlary özüniň Mesihe neneň çuňňur wepaly bolandygy hakynda şaýatlyk etýändir. 29 ýaşynda ony ölüm ýassygyna elten elnenç agyra we güýçli gowşaklyga seretmezden, ol özüni işe bütinleý berdi. Ol ata münüp, geçilgisiz tokaýlardan geçdi, ýadawlygy bilmän, ol wagyz etdi we öwretdi, üçeksiz gijeler uklady we amatly öýsüzdir maşgala durmuşsyz gün gördi. Onuň gündeligi «meniň mähriban hindilerime» bolan söýginiň beýannamasyndan, dileglerden we Halasgärini şöhratlandyrmakdan doly. Elbetde, ol — durmuşy we alyp baran işi bary-ýogy azajyk günä galtaşan ýokary gatlagyň mukaddesi bolsa gerek. Muňa garamazdan, biz onuň gündeliginiň sahypalaryny agdaryp, onuň özüniň ahlak taýdan «dargaýandygynda» zeýrenýändigini görýäris. Ol dilegleriň we Mesihe bolan söýginiň ýetmezçilik edýändigi hakynda arz edýär. Ol özüni «betbagt gurçuk», «porsan it» we «beýan edip bolmajak ýagdaýdaky biderek, biçäre mahluk» diýip atlandyrýar. Bu onuň kesel aňy üçin däldir. Ol ýöne Mesihiň ýanynda ýaşady we özüniň günäliligini gaty ýiti duýupdyr. Ýöne Isa Mesih Hudaýa hemmelerden hem ýakyn ýaşady we Ol günä duýgusyndan azatdy. Isanyň dostlary näme diýdiler Isanyň Özüni Mesih we Hudaýyň Ogly diýip hasap edişi ýaly, Onuň Özüni günäsiz hem diýip hasap edendigi hemmelere mälimdir. Emma, belki-de, Ol hem birinjisinde, hem-de ikinjisinde ýalňyşandyr? Onuň şägirtleri Ol hakda näme pikir edýädiler? Onuň Özi baradaky pikirlerini şägirtleri goldaýardylarmy? Mesihiň şägirtleri gaty bir oňat şaýatlar bolmandyrlar diýip, kimdir biri oýlanyp bilýändir. Olaryň adalatlylyk bilen çemeleşmän, Isany bolşundan hem artyn edip görkezendikleri hakynda ençeme jedeller şu güne çenli hem dowam edip gelýändir. Şu ýerde resullar ýamanlamagyň gurbanlary boldular. Olaryň şaýatlyklaryny arkaýynlyk bilen ünssüz goýup bolýan däldir. Olaryň şaýatlyklaryna biziň ynamlylyk bilen bil baglap bilmekligimiz üçin birnäçe sebäpler bardyr. Birinjiden, olar Isa bilen ýakyn gatnaşykda üç ýyla golaý ýaşadylar. Olar Onuň bilen bile naharlanyp, bile ýatdylar. Olar bilelikde balyk tutulýan gämide boldular. Olaryň umumy gapjygy bardy (galyberse-de, bankdaky umuny hasap ençeme jedellere getirip bilýändir!) Şägirtler bir-birlerinden bizar boldular. Olar jedelleşýärdiler. Emma olar hiç haçan hem öz günälerini Isada görmediler. Köplenç familiýar ýakynlykdan ýigrenç döreýändir. Emma bu şu ýagdaýda däl. Iş ýüzünde, Isanyň günäsizligi baradaky iki esasy şaýatlar (biz muňa soňra göz ýetireris) — Petrus we Ýahýadylar. Olar bolsa Isanyň aýratyn tutan toparyna degişlidiler (bu topar Petrusdan, Ýakupdan we Ýahýadan durýardy), diýmek, Isa olara has ýakyn we has gizlin ylhamlar beripdir. Ikinjiden, resullaryň şaýatlyklaryna ynansa bolýandyr, çünki olar ýewreýdiler we olaryň aňlary ýaşlykdan başlap Köne Ähtiň taglymaty bilen doldurylandyr. Olaryň anyk bilen Köne Ähtiň taglymatlarynyň biri bolsa — bu adamzat günäsiniň ählumumylygydyr: «Olaryň ählisi ýoldan çykdylar, bilelikde murdar boldular; ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok». Mezmur 14:3 «Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýoluna sowuldy». Işaýa 53:6 Mukaddes Kitabyň taglymaty esasynda, olar her bir duş gelen adamy ýeňillik bilen günäsiz diýip yglan etmezdiler. Üçünjiden, Isanyň günäsizdi baradaky resullaryň şaýatlyklaryna ynansa bolýandyr, çünki bu göni tassyklama däldir. Olar Isanyň günäsiz bolandygy hakyndaky hakykaty anyklamaklyk üçin düşündirişlere baş goşmaýarlar. Olaryň bellikleri edil goşmaça ýaly görünýändir. Olar bir zat hakynda gürrüň edýärler we birden hiç bir aýratyn üns bermän, olar Isanyň günäsizligi hakyndaky şaýatlygy goşýarlar[1]. Ine, olar näme diýýärler. Ilki bilen Petrus Isany edil «müýnsüz, tegmiltsiz guzy» diýip beýan edýär, soňra bolsa Isa hakynda «Ol günä etmedi, agzyndan hileli söz çykmady» diýýär (1 Petrus 1:19, 2:22). Ýahýa bolsa umumy tassyklama aýdýar, ýagny ähli adamlar — günäkärlerdir we eger biz günämiz ýok diýip aýtsak, onda öz-özümizi aldaýandyrys we Hudaýy hem ýalançy edýändiris. Emma onsoň ol gürrüňini dowam etdirip, biziň günälerimizi Öz üstüne almaklyga ygtyýar berlen Mesihde «günä ýok» diýýär (1 Ýahýa 1:8-10, 3:5). Petrus bilen Ýahýanyň şu şaýatlyklaryna resul Pawlusyň we Hewreýlere hatyň awtorynyň hem sözlerini goşmak mümkindir. Olar Isany «günäni tanamaýan», has dogrusy «mukaddes, ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan» diýip beýan edýärler. Ol hakykatdan hem «günäden başga» «her zatda biziň ýaly synalandyr» (2 Korintoslylar 5:21; Ýewreýler 7:26, 4:15). Mesihiň duşmanlary näme bilen ylalaşdylar Eger biz Isanyň duşmanlarynyň Ol hakynda näme diýendiklerini hasaba alsak, onda belki aýak astymyzda berk topragy duýýandyrys. Isanyň duşmanlarynyň Onuň peýdasy üçin hiç hili öňden galan düşünjeleri ýokdy. Injilde duşmanlarynyň Isa berk üns berip, Onuň Öz wagyzlarynda Ony tutmaklygy isländikleri hakynda ýazylandyr. Eger jedeli subutnamalar bilen ýeňip bolmaýan bolsa, onda garşydaşlaryň şahsy masgaralamalara çenli aşak düşýändikleri hemmelere mälimdir. Subutnamalaryň ýoklugyny hapalyklar bilen çalyşmaklyk ýaman pikir däldir. Hatda ýygnagyň iň beýik adamlary hem şahsy hapalyklar bilen tegmillenendirler. Isanyň duşmanlary bilen hem hut şeýle boldy. Markus olaryň tankynlarynyň dört wakasyny beýan edýär (2:1–3:6). Olaryň birinji günäkärlemesi Hudaýa dil ýetirmeklikde boldy. Isa adamyň günälerini bagyşlady. Bu bolsa Hudaýyň araçägine girmeklikdi. Bu Hudaýa dil ýetirilip aýdylan tekepbirlikdir diýip, duşmanlary aýtdylar. Emma beýle diýmeklik, şeýle sorag bermeklikdir: eger Ol dogrudan hem Hudaý bolan bolsa, onda günäleri bagyşlamak — Onuň erk-ygtyýarymy? Soňra olar (özleriniň aýtmaklaryna görä) Onuň elhenç we günäli jemgyýetinden gazaba münüpdiler. Ol günäkärler bilen dostdy. Ol salgytçylar bilen bile iýýärdi. Ol jelep aýallaryň Öz ýanyna gelmeklerine rugsat berýärdi. Özüni şeýle alyp barmaklyk hiç bir fariseýiň kellesine-de gelen däldir. Şeýle ýagdaýda fariseý geýimlerini ýygnap, şeýle günäkär bilen gürrüňdeş bolmaklykdan daş dursa gerek. Şeýle etmekligi bilen bolsa, ol özüni dogruçyl duýardy. Olar «günäkärlerden arany açan» hem bolsa, emma «günäkärleriň dosty» diýen hormatly ada eýe bolan Isanyň rehimdarlygyna we ýumşaklygyna düşünip bilmeýärdiler. Üçünji günäkärleme şeýledir: Onuň taglymaty gelşiksiz ýagdaýdady. Ol fariseýler ýa-da hatda Ýahýa suwa çümdürijiniň şägirtleri ýaly oraza tutmady. Ol «iýip, içmeklik» üçin gelen «açgöz we arakhordy». Şeýle hüjümler çynlakaý ýalana çykarmaklygy gazanmaýan bolsa gerek. Isanyň şatlykdan doly bolandygy dogry, emma Onuň dine bolan çynlakaý gatnaşygyna hiç hili şübhe bolup bilýän däldir. Dördünjiden, Isanyň sabat gününi bozandygy olary gazaba mündürdi. Ol syrkawlary sabat güni sagaltdy, Onuň şägirtleri bolsa hatda sabat güni ekilen meýdan boýunça geçip, bugdaý başlaryny ýolup, olary arassalap iýdiler. Kanunçylar we fariseýler muny bugdaýy orup, üwemeklige deňeşdirýärdiler. Ýöne Isanyň Hudaýyň kanunyna boýun bolandygyna hiç kim hem şübhelenip bilmeýändir. Onuň Özi kanuna gulak asyjydy we Özüniň günäkärleýjilerini hem şuňa çagyrdy. Şeýle-de, Ol sabat gününi Hudaýyň döredendigini we muny adamyň ýagşylygy üçin edendigini tassyklady. Emma «sabat gününiň hem Hojaýyny» bolmaklygy bilen, Ol adamzadyň ýalan däplerini aýryp, olary Hudaýyň kanunyna bolan dogry düşünjä dolandyryp getirmeklige Onuň haky bardy. Bu aýyplamalaryň bary ýa-da lenç edilendir, ýa-da soraglary ýüze çykarýandyr. Şeýle, Isa Özüniň ykbaly baradaky soragy çözen kazyýetiň öňünde duranynda, aýyplaýjylary Onuň garşysyna ýalan şaýatkärleri hakyna tutmaly boldular. Emma şonda-da olar ylalaşyga gelip bilmediler. Oňa garşy aýyplaýjylaryň oýlap tapany ýeke-täk aýyplamady, bu aýyplama hem ahlak taýdan däl-de, syýasat taýdandy. Emma döwlet jenaýatçysy höküm üçin adamlaryň öňlerinde duranynda, Ony ýene we ýene dogry saýdylar. Pilatus özüniň birnäçe gezekki gorkaklyk bilen çözgüt çykarmaklykdan gaçmaklyga bolan synanyşyklaryndan soň, hemmeleriň öňünde elini ýuwdy we özüni «bu adamyň ganynda men günäkär däl» diýip yglan etdi. Hirodes Onuň günäsini tapyp bilmedi. Dönük bolup çykan Iuda toba edip, alan otuz kümüş teňňesini ruhanylara şu sözler bilen gaýtaryp berdi: «Men günäsiz gany satyp, günä gazandym». Toba eden ogry özüniň Isany masgaralaýan ýoldaşyna käýäp, soňundan şeýle diýdi: «Ol hiç bir ýamanlyk etmedi». Ahyrynda bolsa, Isanyň ejir çekip, ölendigini gören ýüzbaşy şeýle diýdi: «Dogrudanam, bu Adam dogruçyl eken!» (Matta 27:24; Luka 23:15; Matta 27:3-4; Luka 23:41-47). Biziň özümiz näme görüp bilýändiris Isanyň häsiýetine baha berenimizde, biz diňe beýlekileriň şaýatlyklaryna bil baglamaly däldiris, biziň özüm hem öz pikirimizi goşup bilýändiris. Isanyň aýdan, şägirtleriniň bolsa ynamlylyk bilen tassyklan we Onuň duşmanlarynyň hem höwessizlik bilen boýun alan kämilligi Injilde anyk beýan edilendir. Bizde özümiziň hususy pikirimizi gurnamaklyk üçin oňat mümkinçiligimiz bardyr. Hoş habarçylar tarapyndan beýan edilen Isanyň keşbi köptaraplaýyndyr. Dogrudanam, esasan Onuň doly bolmadyk üç ýylyň içindäki hemmelere bolan hyzmaty beýan edilendir. Ýöne biz Onuň ýaşlygy hakynda gaty az maglumata eýediris. Isanyň gizlin ýyllarynda Onuň Nasyrada akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanandygy hakynda Luka iki gezek ýatlap geçýär. Biz Onuň Öz şägirtleri bilen halkdan daşlaşýandygyny görýäris, märekäniň şowhunynda Oňa syn edýäris. Jelilede edil gahryman hökmünde märeke tarapyndan şöhratlanan Isa biziň alnymyzda beýan edilendir; bu märeke Ony güýç bilen alyp, özleriniň patyşasy etmek isläpdi. Biz Onuň yzyna eýerip, fariseýler bilen saddukeýleriň jikme-jik barlaglar geçirmeklik üçin birleşen ýerleri bolan Iýerusalimiň Ybadathanasynyň geçelgeleri boýunça gideris. Emma üstünligiň kelläňi aýlandyryjy belentliklerinde we çuňňur lapykeçlige batan ýeke we hemmeler tarapyndan terk edilen Isa — Ol şol öňküsidir. Ol hemişedir. Ol keýpiköklüge bagly däldir. Ol üýtgewsizdir. Şeýle-de, bu keşp deňagramlydyr. Onda samsyk hereketleriň yzy-da ýokdur. Ol Özüniň öwredýänlerine berk ynanýandyr, emma Ol fanatik hem däl. Onuň taglymaty meşhurlyga eýe däldir, emma Ol özboluşly däl. Biz Onuň Hudaýlyk tebigaty hakynda adamlyk tebigaty kimin kän şaýatlyklara eýediris. Ol ýadaýar. Oňa ähli adamlara bolşy ýaly, ýatmaklyk, iýip-içmeklik zerurdyr. Ol söýgi we gahar, şatlyk we gaýgy ýaly adam duýgularyny başyndan geçirýändir. Ol bütinleý adamdyr. Ýöne şonda-da Ol ýönekeý adam däl. Ilki bilen, Ol Özi üçin hiç zat islemedi. Bu iň geň zatdyr. Hudaý hem bolýandygyna seretmezden, Ol Özüni gopbamsy alyp barmady we Öz mertebesini öňde goýmady. Ol tekepbir däldi. Isada özüniň nebsine buýurmaklyk hem bardy. Ol kiçigöwünlidi. Hut şu adaty dällik hemmesinden hem beter geň galdyrýar: bu Onuň taglymatynyň özugruklylygy bilen Onuň Özüni alyp barşynyň beýlekilere gönükdirilmegidir. Pikirinde Ol Özüni birinji ýerde tutýardy, işlerinde bolsa — soňky ýerde. Ol bize iň beýik özüňe baha bermekligi we iň beýik özüňi gurban etmekligi aýan etdi. Ol Özüniň hemmeleriň Rebbidigini bilýärdi, emma hemmeleriň guly boldy. Ol Özüniň dünýäni höküm etmek üçin gelýändigini aýtdy, şol bir wagtyň özünde bolsa Ol resullaryň aýaklaryny ýuwdy. Hiç bir adam hem şeýle köp gurban getirmändi. Onuň Günä galtaşmadyk bakylygy bu erbet dünýä bilen gatnaşyk etmeklik bilen çalşyp, ýeriň gaýgylary üçin Gökleriň şatlygyny terk edendigi (hem Özi tarapyndan, hem-de biziň tarapymyzdan) tassyklanylýandyr. Ol adaty ýewreý eneden näbelli Beýtullaham obasynda, hapa jaýda dünýä indi. Bäbekliginde Ol ejesi bilen Müsüre gaçdy. Ony ýatdan çykarylan obajyk bolan Nasyra getirdiler; Ol ejesini we maşgalanyň çagalaryny eklemeklik üçin agaç ussasynyň ýerinde işledi. Kesgitlenen wagty Ol hiç bir emläksiz, amatsyz we öýsüz-öwzarsyz köçeki wagyzçy boldy. Ol Özüne dostlary ýönekeý balykçylaryň we salgyt toplaýjylaryň arasyndan tapdy. Ol heýwere kesellilere elini degirdi we jelep aýallaryň Özüne ýakynlaşmaklaryna rugsat berdi. Ol Özüni şypa, kömek bermeklik, öwretmeklik we wagyz etmeklik hyzmatyna berdi. Oňa düşünmediler, nädogry düşündirişler berdiler. Ol adamlaryň köne ynamlarynyň we hilegärlik bilen gizlenen hiýetleriniň gurbany boldy. Ony Özüniň hususy halky ýigrendi we terk etdi, Ony dostlary taşlady. Ol Özüniň urulmagyna, ýüzüne tüýkürilmegine, başyna tikenli haç geýdirilmegine, el-aýaklarynyň adaty rim haçyna çüýlenmegine ýol berdi. Haçan-da ýiti uçlar Onuň tenine urlanynda, Ol Özüni çüýleýänler üçin dileg etmegini dowam etdirdi: «Eý Atam, olary bagyşla, çünki näme edýändiklerine özleri düşünýän däldir». Şeýle adama çenli biz ýetip bilýän däldiris. Biziň mydama üstünlik gazanyp bilmeýänimizde, Ol üstünlikli boldy. Ol kämil artykmaçlyga eýedi. Ol hiç haçan hem ar almady. Ol hiç haçan hem göwne degmedi, gazaba münmedi we Özüne şeýle bir erk edýärdi welin, hatda adamlaryň näme diýip, näme edýändiklerine seretmezden, olaryň ýagşylygy üçin Özüni terk edip, Hudaýyň erkine boýun boldy. «Men Öz erkimi agtarmaýan» — diýip, Ol aýdypdy, — «Öz şöhratymy hem agtarýan däldirin». Ine, Hudaýa we adama şeýle hyzmat üçin özüňi doly terk etmekligi Mukaddes Kitap söýgi diýip atlandyrýar. Söýgüde öz bähbidiňi gözlemeklik ýokdur. Söýginiň asyl manysy — öz-özüňi gurban etmeklikdir. Iň erbet adama käwagtlar şeýle ýagşylygy etmeklik hem başardýandyr, emma Isanyň durmuşy bu ýagşylygy edil söýmeýän yşyk ýaly şöhlelendirýärdi. Isa günäsizdi, çünki Ol Özi üçin hiç zat hem islemeýärdi. Öz-özüňden şeýle geçmeklik hem söýgüdir. Hudaý bolsa söýgüdir. 4. Mesihiň ölülerden direlmegi Biz Isanyň geň-enaýy tassyklamalaryna we Onuň hä siýetine syn etdik. Indi bolsa biz Onuň taryhy ölülerden direlişi hakyndaky şaýatlyklara serederis. Eger ölülerden direliş hakykatdan hem bolup geçen bolsa, onda ol uly mana eýedir. Eger Nasyraly Isa ölülerden direlen bolsa, onda Onuň täsin şahsyýet bolandygy şübhesizdir. Sorag Onuň ruhy taýdan diri galşy ýa-da fiziki taýdan ölülerden direlmekligi hakynda däl-de, Onuň ölümi ýeňşi we täze giňişlikdäki ölülerden direlmegi hakyndadyr. Şunuň ýalyny başyndan geçiren başga biri hakynda biz hiç zat hem bilýän däldiris. Şonuň üçin hem häzirki adamlar resul Pawlusyň wagzyny diňlän Afinydaky filosoflar ýaly gülkünç-ýigrenijilerdirler: «Ölümden direlmegi eşidenlerinde, kimsi güldi, kimsi hem: „Bu hakda seni ýene diňläris“ diýdi» (Resullaryň işleri 17:32). Jedel Onuň ölülerden direlmeginiň Onuň Hudaýlygyny kesgitleýändiginde däldir: Onuň Hudaýlygy Onuň ölülerden direlmekligi bilen ylalaşýandyr. Adatdan daşary bolan şahsyýetiň ýere gelip, ony adatdan daşary bolmadyk ýol bilen taşlap gitmelidigi garaşylýan zatdyr. Hut şuny hem Täze Äht wagyz edýändir we munuň yzysüre, hut şuňa hem ýygnak mydama ynanýardy. Onuň eneden doglusy tebigydy, emma döwünçekde peýda bolmaklygy — adatdan daşarydy. Onuň ölümi tebigydy, emma ölülerden direlişi — adatdan daşarydy. Onuň täsin halda döremegi we ölülerden direlmekligi Onuň Hudaýlygyny subut etmän, muňa laýyk gelýändir (biz bu ýerde Isanyň düwünçekde günäsiz peýda bolandygy hakynda gürrüň edýän däldiris, çünki bu Täze Ähtde Onuň Mesihidigini görkezmeklik üçin ulanylýandyr. Isanyň günäsiz bolup doglandygy baradaky sorag Jeýms Orruň «Mesihiň günäsiz dogluşy» atly kitabynda (1907) we J. Greýşem Meýçeniň «Günäsiz dogluş» atly kitabynda (1936) oňat esaslandyrylandyr). Isa Özüniň ölülerden direljekdigi hakynda aýtman, hiç haçan hem Ol Öz ölümini öňünden aýtmaýardy we Özüniň geljekki ölülerden direlişini edil alamat hökmünde beýan edýärdi. Resul Pawlus özüniň Rimlilere hatynyň başynda Isa hakda şeýle ýazýar: «…Mukaddeslik Ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih…» Resullaryň Işleri kitabynda ýazylan resullaryň ilkinji wagyzlarynda bolsa, ölülerden direlmeklik arkaly Hudaýyň adamlary hökümden azat edip, Öz Ogluny aklandygy tassyklanylýar. Biziň hyjuwly we arassaçyl taryhçy ýaly bilýän Lukamyz bolsa, bu ölülerden direlmeklik hakynda «ençeme subutnamalar bar» diýip aýdýar. Belki-de, biz ölülerden direlmekligi «taryhyň iň tassyklanan fakty» diýip aýdan Tomas Arnold ýaly uzaga girişmeris, emma, elbetde, ençeme bitarap alymlar ölülerden direlmekligiň şaýatlyklaryny gaty berk diýip aýdýarlar. Mysal üçin, jenap Klark K. S. Onuň Alyhezretleri Ý. L. Mekkeýse şeýle ýazýar: «Ýurist hökmünde, men Pesah baýramyndan soňky birinji günüň wakalary hakyndaky şaýatlyklary çuňňur öwrenmeklik bilen meşgullandym. Şaýatlyk meniň üçin ynandyryjy bolup görünýär we Beýik Kazyýetde men şunuň ýaly oňat sözlerden ybarat bolmadyk şaýatlyklaryň netijelerini ýene we ýene goldadym. Şaýatlygyň yzysüre netije gelýändir, dogruçyl şaýatkär bolsa elmydam sadadyr we oňat täsir galdyrmaga synanyşýan däldir. Injiliň şaýatlygy hut şeýle şaýatlyklara degişlidir we men ýurist hökmünde, Injiliň şaýatlygyny dogruçyl adamlaryň öz aýdanlaryny tassyklap bilýändigi kimin dolulygyna kabul edýärin». Bu nähili şaýatlyk? Ony dört tassyklama getirmäge synanyşmaklyk bolýandyr. Ten ýitirim boldy Hoş Habarlaryň dördüsi hem ölülerden direlmekligiň taryhyny Pesah baýramynyň dynç gününiň ir-säher çagynda aýallaryň mazara barmaklaryndan başlaýar. Mazarlyga gelip, olar Rebbiň jesediniň ýoklugyny gorky we geň galmaklyk bilen gördüler. Şondan soň tisara resullar Isanyň ölülerden direlendigini wagyz edip başladylar. Bu olaryň wagyzlarynyň esasy pikiridi. Eger adamlar daglyk ýerde ýerleşen Ýusubyň mazarlygyna ýeňillik bilen baryp, ol ýerde Isanyň jesediniň ýatandygyny görüp bilsediler, onda resullar özleriniň aýdanlaryna olaryň ynanjakdyklaryna garaşmasalar gerekdi. Ýok! Mazar boşdy. Jeset ýitirim bolupdyr. Munda hiç hili şübhe-de bolup bilmez. Sorag — muny nädip düşündirmelidigindedir. Birinjiden, aýallar başga mazara geldiler diýen pikir bardyr. Garaňkydy we olar gaýgylary zerarly özlerini ýitiripdiler. Aýdyşlarynda görä, olar ýeňillik bilen ýalňyşyp bilerdiler. Ilki seretmäge, bu mümkin ýaly bolup eşidilýär, emma ünsli syn etmeklige döz gelip bilýän däldir. Ol ýerde gaty garaňkylygyň bolup bilmändiginden başlalyň. Dogrudanam, Ýahýa aýallaryň «heniz ala-garaňkylykda» gelendikleri hakynda aýdýar, emma Mattanyň Hoş Habarynda biz munuň «daň bilen» bolandygyny görýäris (28:1), Luka bolsa «ertir ir bilen» diýýär, Markus bolsa munuň «günüň ýaşýan çagynda»[2] bolup geçendigi hakynda aýdýar. Soňabaka, bu aýallar samsyk däldiler ahyryn. Hiç bolmanda, olaryň ikileri Ýusup bilen Nikodimosyň jesedi nirede goýandyklaryny öz gözleri bilen gördüler. Olar hatda «mazaryň garşysynda» oturyp, jaýlamaklyga syn edýärdiler. Hut şu iki aýallar (Magdalaly Merýem we Isanyň ejesi bolan Merýem) Salome dagylar bilen «beýleki aýallary» hem öz ýanlary bilen alyp, daň bilen şol mazara gaýdyp geldiler. Eger aýallaryň biri ýoluny ýalňyşyp, başga ugra gidäýeninde-de, beýlekiler hökman ony dogry ýola salardylar ahyryn. Eger Magdalaly Merýem birinji gezek şol ýere gelen bolmasady, onda yzyna dolanyp gelip, tä Isany görenine çenli bagda saklananyndaky ýalňyşlygyny gündiziň güni gaýtalamazdy ahyryn. Şeýle-de, aýallary mazaryň ýanyna alyp gelen diňe bir gaýgy däldir. Olar kesgitli maksat bilen geldiler. Olar öz ýanlary bilen ýakymly ysly ýag getirip, Rebbiň jesedini ýaglamaklygy gutarmak isläpdiler, çünki mundan iki gün ozal sabat gününiň ýakynlaşmagy bu işi gutarmaklyga olara päsgel beripdi. Bu wepaly we işeňňir aýallary aldamaklyk ýa-da özleriniň gutarmak islän işlerinden ellerini üzmeklige mejbur etmeklik ýeňil däldi. Ýene-de, eger hatda olar mazary ýalňyşan bolsalar, onda eşidenlerine göz ýetirmeklik üçin ylgap giden Petrus bilen Ýahýa hem şol ýalňyşlygy gaýtalarmydylar? Ýoluň dogrulygyna şübhelenmän, biraz soňrak ylgap gelen Ýahýa, Nikodimos we beýlekiler näme? Mazaryň boşlugynyň ikinji düşündirişi — huşuňy ýitirmeklik pikiri. Bu pikiri goldaýanlar, Isanyň haçda ölmän, diňe huşundan gidendigine bizi ynandyrmaga çalyşýandyrlar. Biraz soňra Ol mazarda Özüne gelip, ondan çykyp, soň Öz şägirtlerine göründi. Bu pikir soraglardan doludyr. Ol dogry maglumatlary ýalana çykarýandyr. Şaýatlyklar oňa göni gapma-garşydyrlar. Isanyň bireýýäm ölüdigine Pilatus dogrudan hem haýran galdy, emma Ýusubyň jesedi haçdan aýyrmaklygy üçin rugsat bereri ýaly, Pilatus üçin ýüzbaşynyň sözleri ýeterlidi. Ýüzbaşy Isanyň ölüdigine ynamlydy, çünki «esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şol bada-da gan we suw çogduryldy» we bu wakany ýaňky ýüzbaşy hem görüpdi. Şeýlelikde, Ýusup bilen Nikodimos jesedi haçdan aýryp, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar we Ýusubyň täze mazarynda ýerleşdirdiler. Şunça wagtlap Isanyň bihuş bolup ýatandygyna çyndanam ynanyp bolarmyka? Elhenç ugrulardan, kazyýetiň jezalaryndan, gülkülerden, ýençmelerden we haça çüýlenmeden soň, Ol daşly mazarda, sowukda, iýmitsiz we medisina kömeksiz nädip 36 sagatlap ýaşap bildikä? Soňra bolsa, Ol şeýle wakalardan soň nädip adama mümkin bolmadyk güýji ýygnap, rim goragçylaryny aladalandyrman, mazaryň agzyndaky ullakan daşy süýşürip bildikä? Onsoň nädip güýçden gaçan, gynalan we ajygan Isa Öz şägirtleriniň öňlerinde peýda bolup, Özüniň ölümi ýeňendigine olary ynandyryp bildikä? Onsoň Ol nädip Özüniň ölüp, ýene-de direlip, şägirtlerini dünýä iberip, dünýäniň ahyrynda gaýdyp geljekdigini olara wada berip bildi? Ol bir ýerlerde kyrk günläp gizlenip, käwagtlar bolsa duýdansyz peýda bolup, onsoň hiç bir düşündirişsiz nädip ýitirim bolduka? Şeýle ýeňilynamlylyk Tomasyň şübhesinden-de beter mümkin däl ýalydyr. Üçünjiden, jesedi ogrular ogurlapdylar diýen pikir bar. Şeýle pikir üçin bolsa aslynda hiç hili subutnama ýokdur. Ogrularyň rim esgerlerini aldap bilendirkleri hem düşündirilýän däldir. Näme üçin ogrularyň jesedi ogurlap, kepenleri galdyrdyrandyklaryny we olaryň şeýle hereketleriniň maksadyny göz öňüne getirmek gaty kyn. Dördünjiden, şägirtleriň jesedi mazardan alandyklary hakynda aýtdylar. Bu myş-myşy ýewreýleriň başdan başlap goýberendikleri hakynda Matta aýdýar. Ol Mesihiň jesedini haçdan aýyrmaklyga Ýahýa rugsat beren Pilatusyň baş ruhanylar bilen fariseýleriň toparyny kabul edendigi hakynda ýazýar. Olar Pilatusa şeýle diýýärler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda. Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar». Matta 27:63-64 Pilatus ylalaşdy. Ol: «mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýdi we ýewreýler hem «baryp, daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar». Ne daşyň, ne möhüriň, ne-de garawullaryň ölülerden direlişe päsgel berip bilmändigini Matta beýan edýär we garawullar şähere ylgap girip, ähli bolan zatlary baş ruhanylara gürrüň berdiler. Olar bolsa öz gezeklerinde maslahatlaşyp, esgerlere para berip, şeýle buýruk berdiler: «Halka: „Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onuň jesedini ogurlapdyrlar“ diýiň. Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys diýdiler. Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär». Bu taryh tankyda çydaýan däldir. Rim ýa-da ýehudy bolýandygyna seretmezden, saýlanan garawulyň berk buýruk alybam, duran ýerinde uklamagy mümkinmikä? Eger olar dogrudan hem uklamadyk bolsalar, onda aýallar nädip olaryň gapdallaryndan geçip, daşy süýşürip bildikäler? Hatda eger şägirtleri Rebbiň jesedini ogurlap bildiler diýip göz öňüne getiräýsek-de, bu pikiri dargatmaklyk üçin ýeterli bolýan bir psihologik düşünje bardyr. Resullaryň işleri kitabynyň birinji bölüminden, biz resullaryň irki wagyzlarynda ölümden direlişe aýratyn üns berendiklerini bilýäris. «Siz Ony öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi we biz muňa şaýatlardyrys» — diýip, olar elmydam aýdardylar. Olaryň bilegörä ýalany wagyz edendiklerine biz ynanarysmykak? Eger olaryň özleri Isanyň jesedini alan bolsalar, onda Onuň ölülerden direlendigini wagyz etmeklik — bu bilegörä ýalňyşlygy ýaýratmaklygy aňladýardy. Olar muny ýöne bir wagyz etmän, hatda munuň üçin ejir hem çekdiler. Olar türmä gitmäge, ýenjilmelere we ölüme taýyndylar we bularyň bary erteki üçinmi? Bu ýöne hakykata meňzeş däl. Bu şeýle bir geňdir welin, mümkin däl zat ýaly görünýändir. Eger Hoş Habarlardan we Resullaryň işlerinden bir zatlar anyk görünýän bolsa, onda bu — resullaryň akýürekli bolmaklarydyr. Eger isleseňiz — hawa, olar aldanyp bilerdiler, emma olaryň özleri aldawçylar däldiler. Ikiýüzliler we ejir çekijiler bir hamyrdan edelen bolup bilýän däldirler. Mesihiň teniniň ýitmeginiň bäşinji we iň aňly-düşünjeli bolmadyk düşündirilişi — bu rim we ýehudy häkimleriniň özleriniň Onuň jesedini alandyklarydyr. Muny etmekleri üçin, olaryň anyk sebäpleri bardy. Olar Isanyň ölülerden direlmeklik hakynda aýdandygyny bilýärdiler we özlerini aldarlar öýdüp, ýaňky häkimler gorkýardylar. Diýmek (bize düşündirişlerine görä), ýalanyň öňüni almaklyk maksady bilen olar çäreler görüp, jesedi özlerine aldylar. Emma üns berip seredeniňde, bolan wakalary dikeltmeklik böleklere bölünýändir. Isanyň ölüminden birnäçe hepde geçeninden soň, mesihileriň Onuň ölülerden direlendigi yglan edendiklerini biz gördük. Bu täzelik gaty çalt ýaýrady. Täze Nasyra hereketi iudaizmiň esasyny ýykyp, Iýerusalimiň rahatlygyny bozmaklyga çemeleşýärdi. Ýewreýler üýtgemelerden, rimliler bolsa bitertipsizlikden gorkýardylar. Häkimiýet üçin ýeke-täk aýdyň hereket galýardy. Olar jesedi görkezip, özleriniň eden işlerini aýan edip bilerdiler. Emma munuň deregine olar seslerini çykarmadylar we gödek jezalandyrmalara ýüz tutdular. Olar resullary türmä basdylar, olary gorkuzýardylar, olary urýardylar, kemsidýärdiler, olara garşy dildüwşikler gurýardylar we olary öldürýärdiler. Emma eger häkimiýetde Isanyň jesedi bolsady, onda bularyň bary gerek däldi. Ölülerden direlmekligi paş ediň we ýygnak dargar. Emma olar muny edip bilmediler — olarda jeset ýokdy ahyryn. Häkimiýetleriň ümsümligi — edil resullaryň şaýatlyklary ýaly owadan sözler bilen aýdylýan subutnamadyr. Ine, bularyň bary boş mazary we ýitirim bolan jesedi düşündirmeklik üçin adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan pikirlerdir. Olaryň hiç biri hem kanagatlanarly däldir we olaryň ýekeje biri üçin hem taryhy subutnamalar ýokdur. Eger biz Pesah baýramyndan soňky wakalary beýan edýän Injiliň gürrüňlerini ýönekeý we aýdyň diýip hasap edýän bolsak, onda muňa başga düşündiriş almak islänler bizi bagyşlasyn. Adamlar Isanyň jesedini almadylar. Ol Hudaý tarapyndan direldilipdi. Kepenler ozalky durşunda galdy Isanyň jesediniň ýitenligini gürrüň berýän taryhlaryň kepenleriň duran ýerlerinde galandyklary hakynda aýdýandyklary geňdir. Ýahýa bu ýagdaýy aýratyn belläp geçýär, çünki ol Petrus bilen bilelikde şol gün daňdan mazara tarap ylgapdy. Onuň bu waka baradaky gürrüňinde (20:1-10) özüniň bolan wakalara gatnaşandygy anyk görünýändir. Ol Petrusy ýetip, mazara çenli ondan hem öň ylgap gelip, tä Petrusyň gelip, mazaryň içine girenine çenli, mazaryň agzynda durup syn edýärdi. «Soňra mazara ondan öň baran şägirt hem mazaryň içine girdi-de, ony görüp iman etdi». Sorag, ine, şeýle: ony ynanmaga mejbur ederi ýaly ol näme gördükä? Gürrüňden diňe bir jesediň ýoklugy ony haýran galdyrman, eýsem kepenler hem öz ýerinde ýatyrdy we aýratynam geň galdyran zat — bu kepenle el degrilmedigidi. Geliň, bolan wakalary dikeltmäge synanyşalyň («Ölülerden direlen Reb» atly kitabyň awtory Genri Letemiň yzy bilen, 1904). Ýahýa şeýle gürrüň berýär, ýagny Ýusup Isanyň jesedini aýyrmaklyk hakynda Pilatusdan haýyş edýärkä, Nikodimos «ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny alyp geldi». Onsoň olar bilelikde «Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň jaýlama adaty boýunça, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar». Başgaça aýdanymyzda, olar jesedi kepene dolanlarynda ýakymly yzly ýagy kepeniň gatlarynyň arasyna guýdular. Kelläni aýratyn kepen bilen dolamalydy (bu Ýahýanyň beýan eden Lazary jaýlanlaryndaky kepeniň dolanyşyndan bellidir. Çünki Isa Lazary direldeninde, «elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy» — 11:44). Şeýlelik bilen, gündogar adatyna laýyklykda, olar Isanyň tenini we kellesini dolap, ýüzüni we boýnuny dolaman goýdular. Soňra olar gowakdaky mazaryň içinde Ony daşyň üstünde ýerleşdirdiler. Onuň ölülerden direlişi bolup geçeninde, biz mazaryň içinde bolduk diýip göz öňüne getireliň. Biz nämäni görerdik? Biz Isanyň gozganandygyny, pallandygyny we uzalyp, ýerinden turandygyny görerdikmi? Ýok. Biz Onuň durmuşa dolanyp gelendigi hakynda oýlanmaýarys. Ol bihuşlygyndan açylmady. Ol öldi we täzeden direldi. Bu janlanmak däl-de, direlmekdi. Ol täzin ýagdaýda ölümden ýaşaýşyň täze görnüşine geçdi diýip, biz pikir edýäris. Eger biz şol ýerde bolsadyk, onda näme görerdik? Biz teniň birden ýitirim bolandygyna üns bererdik. Onuň öňki görnüşinden has täze we täsin ýagdaýa geçip, «buga öwrülendigini» görerdik. Ol edil soňraky wagtda ýapyk gapylara eline degirmän geçişi ýaly, kepenlerden geçerdi. Çünki ten ýitirim bolanynda, ýüz gadaga golaý mür we sarysabyr ýagynyň astynda kepenler aşak gaçyp, tekizligine ýatardylar ahyryn. Kepenler bilen kelläniň ýapylan ýaglygynyň arasynda, ýagny Onuň boýny bilen kellesiniň bolan ýerinde boş ýer bolmalydy. Ýaglygyň özi bolsa, kelläniň atanaklaýyn usul bilen dolanandygy sebäpli, özüniň oýuk görnüşini saklap bilerdi. Ýahýanyň gürrüňlerini üns bilen öwrenmeklik, awtoryň mazardaky kepenlere seredeninde hut şu üç aýratynlygy görendigini görkezýändir. Birinjiden, ol kepeniň «ýatandygyny» gördi. Bu söz iki gezek gaýtalanýar we birinji ýagdaýda ol grek sözleminde basyş ýagdaýynda ulanylandyr. Muny şeýle terjime etse bolýar: Ol ýatan (ýa-da aşak gaçan) kepenleri gördi. Onsoň biz kelle örtgüsiniň ýa-da ýaglygynyň «kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde saralgy ýatanyny» görýäris. Bu diýmeklik, ony mynjyradyp, bir burça oklandyklaryny aňlatmaýan bolsa gerek. Ýaglyk şol daşyň üstünde durdy, emma kependen biraz aralykda ýerleşendi. Üçünjiden, şol ýaglyk «aýry bir ýerde saralgy» ýatyrdy. Käbir terjimelerde biz «ýygrylan», «düýrlenen» diýen söze duş gelýäris. Bular oňat bolmadyk terjimelerdir. «Saralgy» sözi boş ýaglygyň henizem saklaýan tegelek görnüşini beýan edýändir. Resullar mazaryň agzyna ýetenlerinde, hut şu suratyň olaryň gözlerine görnendigini göz öňüne getirmeklik kyn däldir: jesediň goýlan daşy, ýatan kepenler, kelläniň şekilini saklap galan ýaglyk we olaryň arasyndaky aralyk. Olaryň bulary görüp, ynanandyklary geň zat däl. Bu kepenlere bolan bir gezekki bakyşlyk ölülerden direlişiň hakykydygyny we onuň manysyny açýandyny subut edýändir. Kepenlere hiç kim el degirmändir, hiç kim olary ýygnamandyr: olary adam ellemändir. Olar kebelegiň uçup gideninden soňky galan gurçugyň dolangysyna meňzeýärdi. Kepenleriň ýerleşişine üns berlen bolmalydygy düşnüklidir. Ölülerden direlmekligiň soňky şaýatlygyny biz Magdalany Merýemiň (Petrus bilen Ýahýa täzeligi aýdyp, mazara dolanyp gelenindäki) «mazaryň içine seredende, iki sany ak eşikli perişdä» onuň gözüniň düşendiginde görýäris. Ol perişdeleriň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. Bu diýmeklik, perişdeleriň jesediň goýlan daşynyň üstünde oturandyklaryny we olaryň arasynda bolsa kepenleriň ýatandygyny aňladýandyr. Markys hem, Matta hem ol perişdeleriň biriniň şeýle diýendigi hakynda ýazýarlar: «Ol bu ýerde däl, aýdyşy ýaly, direldi. Geliň, Rebbiň ýatan ýerini görüň» (Ýahýa 20:11-12; Matta 28:6; Markus 16:6). Okyjynyň perişdeleriň bardygyna ýa-da ýokdugyna ynanýandygyna seretmezden, Isanyň ýatan ýeriniň we perişdeleriň oturyşlarydyr olaryň sözleri hoş habarçylaryň düşünenlerini tassyklaýandyr: kepenleriň ýerleşiş ýagdaýy jesediň ýoklugy bilen bilelikde — Onuň ölülerden direlendigi hakynda şaýatlyk edýändir. Rebbi gördüler Injili okan her bir adam, onda Isanyň ölülerden direleninden soň Öz şägirtlerine görnendigi hakynda birnäçe adaty bolmadyk gürrüňleriň bardygyny ýadyna salýandyr. Biz ölülerden direlen Rebbiň Petrusyň «saýlanan şaýatlar» diýip atlandyranlaryna on sany aýratyn görnüşleri hakynda bilýändiris. Şeýle diýilýändir, ýagny Ol Magdalaly Merýeme, mazarlykdan gaýdyp gelýän aýallara, Petrusa, Emmausa barýan ýoldaky iki şägirdine, öýde ýygnanan on şägirtlerine, bir hepdeden soň Tomas bilen bilelikdäki on ikilere, «bir wagtda bäş ýüzden hem gowrak doganlara» göründi. Şeýle-de, Ol Jelile kölünde Petrusa, Tomasa, Natanaýele, Ýakuba we Ýahýa, onsoň göge galşynda Beýtaniýanyň ýanyndaky Zeýtun dagynda ençemelere görnendir. Resul Pawlus (Korintoslylara hatynyň 15-nji babynda) Damaska barýan ýolda bolup geçen wakalar hakynda gürrüň berip, özüni ölülerden direlen Isany görenleriň hataryna goşýar. Lukanyň bolsa Resullaryň Işleriniň başynda «Ol (Isa) görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara (resullara) görkezdi» diýip aýdyşyna görä, ýazgylardan saklanmadyk ýene-de ençeme duşuşyklar bolan bolmagy ahmaldyr. Ölülerden direlişiň bu diri şaýatlyklaryndan ýeňillik bilen ýöne gaça durmaklyk mümkin däldir. Bu gürrüňleriň baryna nähilidir bir düşündiriş tapmalydyr. Diňe üç ýagdaý mümkindir. Birinjisi — bu gürrüňleriň bary toslanyp tapylandyr; ikinjisi — bularyň bary göze görünmekdir; üçünjisi — bularyň bary aýdylyşlary ýaly hem boldy. Gürrüňler toslanyp tapyldymyka? Bu pikiri ýalana çykarjak bolup, köp wagt we ýer ýitirmekligiň geregi hem ýokdur. Ölülerden direlen Isa Mesihiň görünmekliginiň taryhlary bilgeşleýin toslanyp tapylan däldigi gündiziň güni kimin aýdyňdyr. Birinjiden, ähli gürrüňler akyla sagýan we yzygiderlidir. Ikinjiden, ol gürrüňler anyk we gürrüň berýänleriň öz gözleri bilen gören jikme-jik wakalar bilen janlandyrylandyr. Şägirtleriň mazara tarap ylgaýyşlary we Emmausa barýan ýoldaky duşuşyk baradaky gürrüňler toslanyp tapylary ýaly gaty diri we hakykydyr. Galyberse-de, bularyň bary oňat toslanyp tapylan diýip aýtmaga hiç kim hem erjellik etmezdi. Eger biz ölülerden direlişi oýlap tapmaga synanyşan bolsadyk, onda muny gaty oňat ederdik. Biz dört Hoş Habaryň görkezýän bu çylşyrymly bulam-bujarlykdan gaça durardyk. Biz resullaryň şübhelerini we gorkularyny aýrardyk. Belki-de, ölülerden direlişiň özi hakynda gaýgyly gürrüň ýazardyk (muny apokrifik Hoş Habarlaryň edişleri ýaly): Hudaýyň Oglunyň ölümiň zynjyrlaryny üzüp, mazardan ýeňiş bilen çykyşyndaky güýjüni we şöhratyny beýan ederdik. Emma munuň nähili bolandygyny hiç kim görmedi we bizde hem şeýle beýannamalar ýokdur. Hiç bolmanda Renanyň (la passion d’une hallucinee donne au monde un dieu ressuscite) gülkülerinden gaça durmaklyk üçin, biz ilkinji şaýat hökmünde Magdalaly Merýemi almazdyk. Toslanyp tapylan pikirine garşy bolan ýene bir başga tassyklama hem bardyr we ol gürrüň berýänleriň sadalygyndan hem güýçlüdir. Bu biziň eýýäm bir gezek ýüzlenen aýdyň tassyklamadyr, ýagny resullar, diýmek hoş habarçylar we irki ýygnak Isanyň ölülerden direlendigine bolmalysyndan artyk ynamly bolupdyrlar. Bütin Täze Äht ynamlylygyň we ýeňşiň howasyndan dem alýar. Onuň awtorlary, eger isleseňiz, gaýgyly ýagdaýda aldanypdyrlar, emma olaryň bizi bilegörä aldamandyklary kesgitli. Eger gürrüňler toslanyp tapylan bolmasa, onda bu görnüşler göze görünmeklik boldumyka? Bu pikir gaty gowy mälimdi we kesgitli aýdyňdy we elbetde, göze görünmeklik — bu gaty bir seýrek duş gelýän ýagdaý däldir. Göze görünmeklik — bu bir zadyň fiziki taýdan bolman duranynda, ony daşdan görmeklik bilen kabul etmeklikdir. Göze görünmeklik adatça nerw bozulmagy bilen kesellänlere degişlidir (eger olar tutgaýly adamlar bolmasalar). Biziň köplerimiz käbir geň zatlary görýän we eşidýän, käwagtlar ýa-da elmydam özleriniň hususy oýlaryndaky dünýäsinde ýaşaýan adamlary bilýändiris. Resullar hem şeýle adamlar ýaly deňagramsyz bolupdyrlar diýip tassyklamak bolýan däldir. Belki-de, Magdalaly Merýem bolaýsa-da, öwünjeň Petrus we ynanmazak Tomas beýle däldirler. Göze görnüşleri adaty we sagdyn bolan adamlaryň hem gören pursatlary boldy we şeýle ýagdaýda iki aýratynlygy bellemek bolýar. Birinjiden, bu güýli oýlanmalaryň döwrüniň ýokary derejesine ýeteninde bolup geçendir (haçanda adam bir zady güýçli isläninde). Ikinjiden, muňa ýagdaýlar mümkinçilik berendir (wagt, ýer we keýpiköklik). Munuň üçin güýçli içki islege we oňaýly daşly ýagdaýlara eýe bolmalydyr. Haçanda biz Injiliň ölülerden direliş hakyndaky gürrüňlerine ýüz tutanymyzda, ýokarda agzalanlaryň hiç birini hem görýän däldiris. Bu ýerde görmeklige bolan güýçli küýseg däl-de, has garşydaş bolan isleg bardyr. Haçanda aýallar mazaryň boşdugyny görenlerinde, olara «sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy», çünki olar gaty «gorkýardylar». Haçanda Magdalaly Merýem bilen beýleki aýallar Isanyň diridigini resullara aýdanlarynda, olar «ynanmadylar», aýallaryň sözleri «boş erteki» ýaly eşidilýärdi. Haçanda Isanyň Özi gelip, olaryň aralarynda duranynda, olar ruh görýändiris öýdüp, hatda gorka hem düşdüler. Şonda Isa olaryň ynamsyzlyklary we gatyýüreklikleri üçin käýedi. Tä Isany öz gözleri bilen görüp, Onuň ýaralaryna ellerini degrenine çenli ynanmajakdygynda Tomas berk durdy. Haçanda Isa Jelile dagynda on ikileriň we beýlekileriň ýanyna geleninde, Ony görenleriň käbirleri Oňa sežde etdiler, beýlekiler bolsa şübhelendiler. Hiç hili gyzyklanma hem bolmady, sadaja ýeňil ynamlylyk hem bolmady, körlük bilen kabul etmeklik hem bolmady. Şägirtleri aldamaklyk gaty ýeňil iş däldi, olar bada-bat ynanarlary ýaly gaty seresapdylar, müňkürdiler, «giç ynanýanlardylar». Olar göze görnüşe düşen däldiler. Olary hatda aýratyn ylhamlar hem kanagatlandyrýan däldi. Olaryň ynamlary berk bolan wakalarda we barlagdan geçen tejribä esaslanandy. Diňe bir bu hem däl, hatda oňat daşky şertler hem ýokdy. Eger-de Isa Özi hakynda berk ýatlamalara eýe bolan aýratyn bir-iki mukaddes ýerde peýda bolan bolsady we eger adamlar şunuň ýaly bir ýagdaýa garaşýan bolsadylar, onda elbetde, bu bizde şübheler dörederdi. Eger-de biz diňe öýdäki duşuşyk hakynda bilen bolsadyk, onda bizde şübhelenmäge sebäp bolardy. Eger on bir resullar Isanyň ýerdäki soňky sagatlaryny özleri bilen geçiren aýratyn ýerinde ýygnanan bolsadylar we bu ýeri goran bolsadylar, geçen täsin günler baradaky ýatlamalara giden bolsadylar, Onuň gaýdyp gelmeklik baradaky wadasyny ýatlarynda saklap, haçan geljekdigini bilmeklik üçin pal atyp başlan bolsadylar we özleriniň bu küýsegleriniň gutarmanka, Onuň gaýdyp geljekdigine bil baglan bolsadylar, onda olaryň gaty gödek bir ýalanyň gurbanlary bolandyklary hakynda dogrudan hem pikirlenip bilerdik. Emma beýle zat bolup geçmedi. Hakykatda bolsa, Isanyň on gezekki peýda bolmaklygyny öwrenmeklik bize ýagdaýlaryň oýlanyp bolmadyk dürlüligini açýandyr — dürli adamlar, dürli ýer we dürli ýagdaýlar. Ony aýratyn adamlar (Magdalaly Merýem, Petrus we Ýakup), uly bolmadyk toparlar we bäş ýüzden hem artyk bolan märeke gördüler. Ol mazaryň ýanyndaky bagda, Iýerusalimiň ýanynda, öýde, Emmausa barýan ýolda, Jelile kölüniň kenarynda, Jeliledäki dagda we Zeýtun dagynda peýda boldy. Şeýle-de, adamlaryň we ýerleriň dürli bolşy ýaly, ýagdaýyň hem dürlüdigini biz görýändiris. Magdalaly Merýem aglady, aýallar gorka düşüp, geň galypdylar. Petrus ötünç soramaklykdan, Tomas bolsa ynanmazlykdan doludy. Emmausa barýan iki şägirt geçen hepdäniň wakalary bilen meşguldylar, Jeliledäki şägirtler bolsa balyk tutýardylar. Şeýle bolsa-da, olaryň şübhelerine we gorkularyna garamazdan, olaryň ynamsyzlyklaryna we meşgullyklaryna garamazdan, ölülerden direlen Reb Özi hakynda olara aýan etdi. Hudaýyň bu ylhamlaryny edil bozulan aklyň göze görnüşi hökmünde taşlamak bolýan däldir. Emma eger bular toslamalar we göze görünmeler bolmasa, onda diňe bir mümkinçilik galýandyr: bularyň bary hakykatdan hem bolup geçendir. Adamlar ölülerden direlen Rebbi gördüler. Şägirtler özgerdiler Isanyň şägirtlerinde bolup geçen özgerişik Onuň ölülerden direlendiginiň iň uly şaýaty bolsa gerek, çünki olar gaty sadadyr. Olar bizi özlerine ýa-da boş mazara, ýerinde duran kepenlere ýa-da özleriniň gören Rebbine seretmeklige çagyrmaýarlar. Biz olarda bolup geçen özgermeleri şonsuz hem görýändiris. Hoş Habarlaryň sahypalarynda atlary tutulan adamlar Resullaryň Işleri kitabynda özgeren, has başga adamlar ýaly peýda bolýarlar. Hojaýynlarynyň ölümi olary gaýgyda, umytsyzlykda we lapykeçlige ýakyn ýagdaýda galdyrypdy. Emma Resullaryň Işleri kitabynda olar Reb Isa Mesihiň ady üçin janlaryny howp astyna salýan we dünýäni ters öwürýän adamlar hökmünde peýda bolýarlar. Olary özgermeklige näme mejbur etdikä? Olaryň täze ynamlarynyň we güýçleriniň, şatlyklarynyň we söýgüleriniň esasynda näme durka? Elbetde, bölekleýin Ellinji gün we Mukaddes Ruhuň gelmekligidir; emma Mukaddes Ruh hem Isanyň ölülerden direlip, Göklere galanyndan soň geldi. Ölülerden direliş äpet ahlak we ruhy güýçleri azatlyga çykaran ýalydy. Iki mysal aýratyn bolup durýandyr. Birinjisi — Simun Petrus. Isany höküm edip, haça çüýlän pursatlarynda Petrus gaýgyly garaňkylygy başyndan geçirdi. Ol Mesihden üç gezek ýüz öwürdi. Ol ömründe bu Isany tanamaýandygyna ant içip, sögünipdi. Ol aglamaklyk üçin gije ýekelenipdi. Isanyň ölüminden soň ol ruhunyň gamgynlygy bilen «ýehudylardan gorkup», ýapyk gapyly öýdäki şägirtlere goşuldy. Emma Mukaddes Kitabyň ýene iki sahypasyny geçiriň we siz onuň belki Iýerusalimdäki şol öňki öýüň bosagasynda durup, batyrgaýlyk we güýç bilen märekä wagyz edýändigini görersiňiz. Şol gün onuň wagzyny eşidenleriň üç müňüsi Mesihe ynanyp, suwa çümdürildiler. Biz Resullaryň Işleri kitabyna ýüzlenip, onuň Isany ölüme höküm eden mejlise çakylyk edendigini we Onuň ady üçin masgaralanjakdygyna şatlanýandygyny görýändiris. Soňra bolsa, ol özüniň garaşylýan jezalandyrylmagynyň öňündäki gijesi türmede uklaýar. Simun Petrus — täze adam. Çägäni şemal uzaklara äkitdi; özüniň lakamyna laýyklykda, indi ol — hakyky gaýa. Ony näme beýle özgertdikä? Ýa-da mysal edip, Iýerusalim ýygnagynyň ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Ýakuby alalyň. Ol «Rebbiň doganlarynyň» biridir, bu doganlar bolsa ähli Hoş Habarlarda Isa ynanmaýan adamlar hökmünde görkezilendir: «Çünki doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler». Emma haçanda biz Resullaryň Işleri kitabynyň birinji babyna çenli baranymyzda, Luka ýygnanan şägirtleriň atlaryny sanap, sanawy şeýle sözler bilen gutarýar: «Onuň doganlary bilen bile». Ýakup şu wagt — ynanýan adam. Ony näme beýle özgertdikä? Resul Pawlusyň Korintoslylara birinji hatynyň 15-nji babynyň 7-nji aýadynda biziň üçin gerekli bolan sapak bar bolsa gerek. Bu ýerde resul Pawlus ölülerden direlen Isany görenleriň atlaryny sanap, soňunda şeýle diýýär: «Ondan soň Ýakuba… göründi». Hut ölülerden direlmeklik Petrusyň gorkusyny batyrgaýlyga, Ýakubyň şübheligini bolsa ynama öwürdi. Hut ölülerden direlmeklik ruhgüni dynçgüne, iudaizmiň galyndylaryny bolsa mesihi ýygnaga öwürdi. Hut ölülerden direlmeklik fariseý bolan Sauly Pawlusa, ynanýanlary yzarlaýjy janypkeşi — şol kowalaýan ynamynyň wagyzçysyna öwürdi. «Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi» diýip, resul Pawlus ýazýar. Ölülerden direlmekligiň şaýatlyklary şeýledir. Jeset ýitdi. Kepenler bolsa el degrilmän galdy. Rebbi gördüler. Şägirtler özgerdiler. Bu ýagdaýlara beýik mesihi tassyklamasyndan başga hiç hili hem aňly düşündiriş ýokdur: «Reb dogrudan hem direldi!» * * * Bu üç bölümde biz taryhyň iň özüneçekiji şahsyýeti — biçäre wagyzçy bolan we jenaýatçynyň ölümi bilen ölen Nasyraly sada agaç ussasynyň şahsyýetine tankynlaýjy halda seretdik. Onuň tassyklamalary geň galdyrýardy. Ol bize ahlak taýdan kämil ýaly görünýändir. Ol ölülerden direldi. Ähli şaýatlyklaryň agramy netijeler üçin ýeterlisinden hem artykdyr. Bu netije ynamyň iň soňky ädimini gaty aň-düşünjeli edýändir. Ynamyň bu soňky ädimi bizi Onuň öňünde dyza çökdürip, ynanmaýan Tomasyň beýik boýun almasyny aýtmaklyga mejbur etdirýändir: «Meniň Rebbim we Hudaýym!» II. ADAMZADYŇ MÄTÄÇLIGI 5. Günäniň barlygy we düýp esasy Biz Nasyraly Isanyň täsin Hudaýlyk tebigaty babatdaky şaýatlyklara seretmeklige gaty kän wagt bagyşladyk we Onuň Rebdigine, Hudaýyň Ogludygyna ynanyp bildik. Muňa garamazdan, Täze Äht Onuň diňe bir Kim bolandygy hakynda däl-de, eýsem Onuň näme maksat bilen hem gelendigi hakynda gürrüň berýär. Ol diňe bir Gökleriň Rebbi kimin däl-de, eýsem günäkärleriň Halasgäri kimin hem görkezilendir. Hakykatdan hem Onuň bu iki barlygy aýrylmazakdyr, çünki Onuň işiniň ikiligi Onuň şahsyýetiniň Hudaýlygyndan hem baglydyr. Emma Isanyň näme edendigine baha berip bilmeklik üçin biz diňe bir Onuň Kimdigini bilmän, eýsem özümiziň hem kimdigimizi bilmelidiris. Onuň işi — biziň üçindir. Isa — adamzadyň mätäçliklerini ýerine ýetirmäge ukyply bolan ýeke-täk Biridi. Bu ukyplylyk — Onuň Hudaýlygyndadyr; biziň mätäçligimiz — biziň günämizdedir. Biz Onuň ukyplaryna ynandyk. Indi bolsa şu wagt biz özümiziň mätäçligimizi ýalaňaçlamalydyrys. Şeýlelikde, biz Mesihden adama ýüzlenýäris, Onuň günäsizliginden we şöhratyndan — özümizde ýaşaýan günä we masgaralyga. Diňe özümiziň kimdigimize doly düşünip bilenimizde, biz Onuň özümiz üçin edeniniň neneň täsindigini we bize näme hödürleýändigine düşünip bilýändiris. Diňe şonda biz öz keselimiziň anyk kesgitlemesini bilip bilýändiris we bellenilen dermanlary kabul etmekligi isleýändiris. Günä — bu giňden ýaýran mowzuk däldir we bu mowzugyň üstünde elmydam jukme-jik durup geçýändikleri üçin mesihileri tankytlaýandyrlar. Emma mesihiler muny özleriniň diňe bir realistler (hakykatçylar) bolandyklary üçin edýän däldirler. Günä — ýygnak çopanlarynyň öz işlerinden boşadylmazlyklary üçin oýlap tapylan zat däldir, bu — adamzat tejribesiniň hakykylygydyr. Soňky ýüzýyllygyň taryhy ýamanlygyň kynçylygynyň adamzat jemgyýetinde däl-de, adamyň özündedigine ençeme adamlary ynandyrdy. XIX asyrda liberal optimizm gülläp ösdi. Şonda şeýle pikir giňdeň ýaýrapdy, ýagny aslynda adamyň tebigaty ýagşylygy alyp barýandyr, ýamanlyk bolsa bilimsizlikden we ýaşaýşyň erbet şertlerinden gelýändir, sowatlylyk we ýaşaýyş şertlerini oňatlaşdyrmaklyk — adamlara bilelikde bagtly we ýagşylykda ýaşamaklyga elter. Ýöne bu hyýallary taryhyň gödek hakykatlary döwdi. Günbatarda bilim almaklyk mümkinçiligi çaltlyk bilen ýaýrady, haýyr-sogap etmeklik maksady bilen ençeme guramalar peýda boldy. Emma muňa garamazdan, ikinji jahan urşunda hem bar bolan wagşyçylyk, onuň yzysüre peýda bolan halkara gapma-garşylyklar, dowam edip gelen syýasy sütemler we jyns babatda kemsidijilik, zorlugyň we jenaýatçylygyň derejesiniň umumy ýokary galmaklygy şeýle pikir edýän adamlary her bir adamda öz-özüni söýmekligiň berk köküniň bardygyny boýun almaklyga mejbur etdi. «Ösen» jemgyýetde biziň hökman bolmaly diýip kabul edýänlerimiziň ençemesi adamlarda günä ýaşaýar diýen pikirde esaslanandyr. Kanunlar näme üçin peýda boldular? Adamlaryň hususy jedellerini adalatlylyk we şahsy gyzyklanmasyz çözüp bilmeýändikleri üçin kanunlar gerek boldy. Wadalar bize ýeterli däldir: bize şertnama gerekdir; gapylar ýeterli däldir: olary açarlar bilen gulplap, iç tarapyndan hem ýapmalydyr. Ýol üçin ýöne tölemek ýeterli däldir: biletleri çap edip, olary barlap, onsoň ýygnap almalydyr. Kanun we tertip ýeterli däldir: olaryň ýerine ýetirilmegi üçin polisiýa gerekdir. Bularyň bary adamzadyň günäsi üçindir. Biz bir-birimize ynanyp bilýän däldiris. Bize bir-birimizden gorag gerekdir. Bu — adamzat tebigatynyň elhenç garalaýjy hereketidir. Günäniň ählumumylygy Günäniň ählumumy häsiýete eýedigi hakynda Mukaddes Kitabyň awtorlary bize anyk düşünje berýändirler. «Günä etmeýän adam ýokdur» diýip, Süleýman Ybadathanany mukaddesläninde, özüniň beýik dilegine goşup aýdypdy. «Hemişe ýagşylyk edip-de, günä etmeýän dogry adam ýer ýüzünde ýokdur» diýip, ol özüniň Wagyzçy kitabynda aýdýar. Mezmurlaryň ençemesi adamzadyň ählumumy günäsini aglaýarlar. 14-nji mezmur, ine, şuňa mysal bolup bilýändir. «Olar bozuldylar, ýigrenji işler etdiler; ýagşylyk edýän ýok. Düşünjeli, Hudaýy agtarýan barmyka diýip, görjek bolup, Reb adam ogullaryna gökden nazar saldy. Olaryň ählisi ýoldan çykdylar, bilelikde murdar boldular; ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok». Mezmurçylaryň ynsaplary şeýle diýýär, ýagny eger Hudaý adamzady höküm etmeklik üçin ýerinden galan bolsady, onda olaryň hiç biri hem hökümden gaçyp bilmezdi. «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» (Mezmur 130:3). Şu ýerden hem şeýle dileg gelýändir: «Öz guluňy höküm etme, çünki Seniň öňüňde dogry ýaşaýan ýekeje adam hem ýokdur». Pygamberler hem edil mezmurçylar ýaly, ähli adamlaryň günäkärdiklerini berk tassyklaýarlar we Işaýanyň kitabynyň ikinji bölegindäki iki tassyklama bu hakynda gaty kesgitli aýdýandyr: «Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýoluna sowuldy» (53:6) we «Ählimiz murdar zat ýaly bolduk; ähli dogrulyklarymyz kirli eginbaş kimin. Ählimiz ýaprak kimin solýarys, ýazyklarymyz bizi ýel kimin äkidýär» (64:6). Galyberse-de, şeýle tassyklamalar diňe bir Köne Ähtiň ýazyjylaryna mahsus däldir. Resul Pawlus özüniň Rimlilere ýazan hatyny şulara gaty meňzeş bolan pikirden başlaýar. Bu pikir Rimlilere hatyň birinji üç babyny öz içine alýandyr: ähli adamlar, özleriniň ýewreýler ýa-da özge halklardygyna seretmezden, olaryň bary Hudaýyň alnynda günälidirler. Resul Pawlus özge milletleriň ahlak taýdan aşak gaçandyklaryny beýan edýär we soňundan bolsa ýewreýleriň hem olardan oňat däldiklerini aýdýar. Pawlusyň özi Hudaýyň mukaddes kanunyna eýe bolup, bu kanuna beýlekileri hem öwredýändir, emma şonda-da bu kanuny bozýandygy üçin resulyň özi hem günäkärdir. Soňra resul mezmurlary we Işaýa pygamberiň sözlerini getirip, bu mowzugy aýdyň beýan edýär we «çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy» diýip netije çykarýar. Ýahýa bolsa «Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur» we «Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur» diýip, bu pikiri has aýdyň beýan edýär (Rimliler 3:23; 1 Ýahýa 1:8, 10). Aslynda günä nämekä? Onuň hemmelere ýaýraýandygy mälim, emma onuň tebigaty nähili? Ony beýan etmeklik üçin Mukaddes Kitapda birnäçe söz ulanylandyr. Nädogry hereketiň haýsy tarapdan seredilýändigine laýyklykda, olary iki topara bölüp bolýandyr. Ol sözleriň biri günäni edil aşak gaçmaklyk, gödek ýalňyşlyk kimin göz öňüne getirýändir. Beýlekisi bolsa, edil nyşana tarap atylan okuň maksada göni ýetmezligi kimin suratlandyrylýandyr. Üçünjisi bolsa, günäni edil içki ýamanlyk kimin, oňat we mynasyp bolana laýyk gelmeýäne ymtylyş kimin görkezýär. Düşündirişleriň biri boýunça günä — bu ýalňyşlykdyr. Bir söz bolsa günäni araçägi bikanun geçmeklige meňzeş edýär. Beýlekisi onuň bikanundygyny açýar, üçünjisi bolsa — ony edil adalatlygy bozýan ýalňyşlyk kimin häsiýetlendirýär. Bu toparlar nähilidir bir ahlak standartynyň bardygyny göz öňünde tutýandyr. Bu ýa-da ýetip bolmaýan maksatnamadyr, ýa-da biziň bozýan kanunymyzdyr. «Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir» (Ýakup 4:17). Bu ters nukdaý-nazardyr. «Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr» diýip, Ýahýa aýdýandyr. Bu bolsa oňat nukdaý-nazardyr. Mukaddes Kitap adamlarda gürli standartlaryň bardygyny kabul edýär. Ýeduhylarda Musanyň kanunlary bar. Özge milletlerde ynsap kanuny bar. Emma ähli adamlar hem özleriniň bilmeýän kanunyny bozdular we özleriniň hususy standartlaryna laýyk gelmeýärler. Ahlak kada-kanunlar — bu näme? Ol Musanyň kanuny ýa-da Isanyň kanuny bolup bilýändir. Bu käbir mynasyp ýa-da umumy kabul edilen zat, ýa-da jemgyýetiň şertliligini aňladýan bir zat bolup bilýändir. Bu sekiz basgançakdan ybarat bolan buddistleriň merhemetli ýoly ýa-da düzgüniň bäş musulman diregi hem bolup bilýändir. Emma munuň näme bolýandygyna seretmezden, biz bu kanuna eýerip bilýän däldiris. Biziň barymyz özümizi höküm edýändiris. Käbir päk ahlakly adamlar üçin bu hakyky garaşylmadyk sowgatdyr. Olaryň ýokary maksatlary bar we özleriniň pikirleri boýunça, olar şol maksatnamalara laýyk gelýärler. Olar çendenaşa özlerini öwrenmeklik bilen meşgullanmaýarlar. Olar üçin çendenaşa özüňi tankytlamaklyk nätanyşdyr. Olar käwagtlar ýalňyşlyklaryň bolandygyny bilýändirler. Olar özleriniň häsiýetlerinde kemçilikleriň hem bardygyny bilýändirler. Emma bu olary aýratyn bir howsalalyga salýan däldir we olar özlerini beýlekilerden hiç-de kem görýän däldirler. Bularyň bary biziň tä iki zady ýadymyza salanymyza çenli düşnükli ýalydyr. Birinjiden, biziň ýeňlişi duýmaklygymyz öz standartlarymyzyň neneň ýokarydygyna baglydyr. Eger taýagy hiç haçan hem biliňden ýokary galdyran bolmasaň, onda ýokarlygyna böküp bilerin diýip oýlanmaklyk gaty ýeňildir. Ikinjiden, işiňiň arkasynda neneň pikiriň we hereketleriňiň arkasynda neneň höwesiň durandygy Hudaý üçin wajypdyr. Isa Özüniň dagdagy wagzynda bu hakynda anyk aýdypdy. Bu iki esasy göz öňünde tutup, Çykyş kitabynyň 20-nji babyndaky On parzy özümiziň standartymyz hökmünde alyp, her birimiziň oňa neneň laýyk gelýändigimize seretmeklik peýdaly bolardy. On parz 1. Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn Bu — Hudaýyň adamyň Özüne bolan ýeke-täk sežde etmekliginiň talabydyr. Bu kanuny bozmaklyk üçin güne, aýa we ýyldyzlara sežde etmekligiň asla geregi ýokdur. Biz öz pikirlerimizde we bagly bolmaklygymyzda birinji orny Hudaýa däl-de, kimdir-birine berenimizde, bu kanuny bozýandyrys. Bu nähilidir bir göçgünli sport ýa-da oýun, özüneçekiji gyzyklanma ýa-da men-menlik bilen edilen hereket bolup bilýändir. Belki-de, bu biziň Hudaýlyk derejesine ýetirýän bir adamymyz hem bolup bilýändir. Belki-de, biz umytly girdejilerimiz ýa-da bankdaky baý hasabymyz görnüşindäki altyndyr kümşüň hudaýyna sežde edýändiris, ýa-da hususy jaý görnüşindäki agaçdyr daşyň hudaýyna sežde edýändiris. Eger biz durmuşymyzdaky Hudaýyň eýelemeli ornuny şular ýalylara bersek, onda olar biziň üçin bela bolup bilýändir. Esasynda günä — bu Hudaýyň hasabyna öz-özüňi ýokary tutmaklyk. Bir wagtlar bir iňlis barada ýazylany biziň üçin hem dogrudyr: «öz-özüni ýasan we öz ýaradyjysyna sežde edýän adam». Birinji parza eýermeklik — biziň üçin Isanyň aýdyşy ýaly, Öz Reb Hudaýymyzy bütin ýüregimiz, bütin janymyz we bütin düşünjämiz bilen söýüp, Onuň erkini özümiziň ýol görkeziji ýyldyzymyz, Onuň şöhratyny bolsa — özümiziň maksadymyz etmekligi aňladýandyr; Ony öz pikirlerimizde we sözlerimizde, işlerimizde we dynç almalarymyzda, dostlaşmalarymyzda we gyzyklanmalarymyzda birinji orunda goýmaklykdyr; Bu parzy heniz Nasyraly Isadan başga hiç kim hem ýerine ýetirmedi. 2. Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama Eger birinji parz biziň sežde etmelimiziň Kimdigi hakynda gürrüň edýän bolsa, ikinji parz bolsa bu seždäniň nähili bolmalydygy hakynda gürrüň berýär. Birinji parzda Hudaý bütewi seždäni, ikinjide bolsa çyn ýürekden we ruhy seždäni talap edýär. Çünki «Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir» (Ýahýa 4:24). Belki-de, biz öz ellerimiz bilen sežde etmeklik üçin görünýän bir zatlar dikeldip, ýasaýan däldiris, emma öz aňymyzda biz neneň elhenç keşbi saklaýandyrys? Şeýle-de, bu parz sežde etmekligiň daşky görnüşlerini (her hili hereketleri we bedeniň ýagdaýlaryny) ulanmaklygy gadagan etmeýän hem bolsa, eger olar biziň içki durkumyza laýyk gelmese, onda olaryň bary biderekdir. Belki-de, biz ýygnaga gatnaýandyrys, emma hakykatdan hem Hudaýy biz haçandyr bir wagt çyndan şöhratlandyrdykmy? Belki-de, biz dileg edendiris, emma haçandyr bir wagt biz çyn ýürekden dileg etdikmi? Belki-de, biz Mukaddes Kitaby okandyrys, emma haçandyr bir wagt biz Hudaýyň Öz sözi arkaly biziň bilen geplemegine rugsat berip, Onuň aýdyşy boýunça hereket etdikmi? Eger ýüregimiz Hudaýdan gaty daş bolýan bolsa, onda Ony agzymyz bilen hormatlamagyň peýdasy ýokdur (Işaýa 29:13 we Markus 7:6 seret). Bu bütinleý biderekdir. 3. Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama Hudaýyň ady Onuň durkuny göz öňünde tutýandyr. Mukaddes Kitapda Onuň adyny biziň hormatlamalydygymyz hakynda kän aýdylýandyr, Isa bolsa Özüniň şägirtlerine öwreden dileginde Hudaýyň adynyň mukaddes bolmaklygy hakynda soramalydygyny ýatlaýar. Onuň ady hapa dil bilen masgaralanyp bilinýändir we biziň köplerimiz üçin wagtal-wagtal öz sözlügimizi barlamaklyk gaty peýdaly bolardy. Ýöne Hudaýyň adyny boş ýere agzamaklykda gürrüňiň diňe bir sözlerde däl-de, eýsem pikirlerde we hereketlerdedigini aňladýandyr. Her gezek biziň hereketlerimiziň ynamymyza ýa-da edýän işlerimiziň ynanýanlarymyza laýyk gelmäninde, biz Hudaýyň adyny boş ýere agzaýandyrys. Hudaýa «Reb» we «Ata» diýibem, özüňde howsalalary we şübheleri göterip ýöremeklik — bu Onuň adyny ret etmekligi aňladýandyr. Hudaýyň adyny boş ýere agzamaklyk diýmek — bu bir zat diýip, iş ýüzünde bolsa başga zady etmekligi aňladýandyr. Bu — ikiýüzlülikdir. 4. Sabat gününi ýerine ýetirip, ony mukaddes sakla Ýehudylaryň sabat güni we mesihileriň dynç güni Hudaý tarapyndan tassyklanandyr. Bir güni ýedi günden aýratyn etmeklik — bu diňe bir adamlaryň islegi ýa-da durmuş taýdan şertlilik däldir. Bu — Hudaýyň meýilnamasydyr. Isa Hudaýyň sabat güni adam üçin edendigini belläpdi (Markus 2:27). Ol adamy ýaradyp, sabat gününi onuň üçin niýetläni sebäpli, Ol bu güni adamzadyň mätäçlikleri üçin ukyplandyrdy. Adamyň bedeni bilen akly üçin dynç gerek, ruhy üçin bolsa sežde etmeklik mümkinçiligi gerekdir. Şeýlelik bilen, sabat güni — bu dynç güni we sežde günüdir. Emma diňe biziň özümiz öz bähbidimiz üçin sabat gününi saklamaly däldiris. Biz ähli adamlaryň bähbidi üçin, hiç kimiň hem bu günde biderek ýere zähmet çekmezligi üçin elimizden gelenini etmelidiris. Şeýlelikde, dynç güni — bu Hudaý üçin aýratyn edilen «mukaddes» gündür. Bu Hudaýyň günüdir, biziň günümiz däldir. Diýmek, bu güni biziň öz höweslerimizi kanagatlandyrmaklyk üçin däl-de, sežde we hyzmat etmeklik üçin Onuň isleýşi ýaly edip geçirmelidiris. 5. Ata-eneňe hormat goý Bu bäşinji bap henizem kanunyň biziň Hudaýyň öňündäki borjumyz hakynda gürrüň berýän birinji bölegine degişlidir. Hiç bolmanda, heniz biziň ýaşkak, ata-enelerimiziň öz öňümizde in loco dei durýandyklary üçin olar Hudaýyň ygtyýarlygyna eýedirler. Emma hut öýde adamlar, aýratynam ýaş adamlar öz-özlerini söýmekligi we ünssüzligi gaty aýdyň görkezýändirler. Elbetde, minnetdarsyz we biperwaý bolmaklyk, ata-eneňe bolan hormaty we söýgini görkezmezlik gaty ýeňildir. Biz olara ýygy-ýygydan hat ýazýarysmy, olary görmäge barýarysmy? Belki-de, olara maddy kömek gerekdir? Şeýle kömegi bermäge biziň ýagdaýymyz bolubam, muny etmeýändiris? 6. Adam öldürme Bu diňe bir öldürmekligi gadagan etmeklik däldir. Eger bakyşlar öldürýän bolsady, onda köpler özleriniň bakyşy bilen öldürerdiler. Eger gödek sözler bilen öldürip bolýan bolsa, onda köpler munda günäkärdirler. Dogrudanam, hiç bir sebäpsiz bir adamdan öýkelemekligiň we adamlary masgaralamaklygyň bu gaty çynlakaýdygy hakynda Isa aýdypdy; Ýahýa bolsa: «Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr» (1 Ýahýa 3:15) diýip ýazmaklygy bilen, dogry netije çykarýar. Öz-özüňe erk edip bilmekligi ýitirmekligiň her biri, saklanyp bilinmedik gaharyň her bir dökülmesi, gazadyň her gezekki aýan bolmaklygy, her bir ajy öýke we ar almaklyk — bularyň bary öldürmeklikdir. Her bir gybat bilen öldürmek hem mümkindir. Her bir biperwaýlyk we gödeklik bilen hem öldürip bolýandyr. Gahar we gabanjaňlyk bilen hem öldürip bolýandyr. Biziň her birimiz şular ýaly zatlary eden bolsak çemeli. 7. Zyna etme Bu parz nikadaky biwepalyga bolan gatnaşykdan hem gaty giň manyda ulanylýandyr. Ol nikadan daşary bolan her bir jynsy gatnaşygy öz içine alýandyr. Jynsy gatnaşyk nikadaky iki adamyň bitewi gatnaşyklary üçin niýetlenendir. Şeýle-de, zyna oýnaşma, tejribeler we ýekelikdäki jynsy kanagatlandyrmalar ýalylary hem öz içine alýandyr. Ol ähli jynsy azgynlygy öz içine alýandyr, çünki erkekleriň we aýallaryň azgynlyk duýgulary üçin jogapkärçilik alyp barmaýandyklaryna seretmezden, olar şu duýgulary goldaýandyklary üçin jogapkärdirler. Şeýle-de, ol nikadaky diňe öz talabyňy ýerine ýetirmekligi we ähli diýen ýaly aýrylyşyklary öz içine alýandyr. Ol bilegörä okalan bihaýa edebiýatlary we hapa hyýallara erk bermekligi hem öz içine alýandyr. Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýmekligi bilen, bularyň baryny düşündirdi. Ýüregiňde adam öldürmeklik islegini läliksiredişiňiň eýýäm adam öldürendigiňi aňladyşy kimin, ýüregiňde zyna etmeklik baradaky pikirleri läliksiretmek hem bireýýäm zyna edendigiňi aňladýandyr. Bu parz Hudaýyň her bir mukaddes we ajaýyp sylagyny masgaralamaklygyň her biri hakynda aýdýandyr. 8. Ogurlyk etme Adamda bar bolan zady ýa-da oňa degişli bolan zady gizlinlik bilen almaklyga ogurlyk diýilýändir. Pul ýa-da hususy zatlary ogurlamak bu parzy bozmaklygyň ýeke bir usuly däldir. Salgytlardan gaça durmaklyk — bu hem ogurlykdyr. Gümrükhanadaky mekirlikler hem ogurlykdyr. Şeýle-de, muňa işiňe ynsapsyzlyk bilen çemeleşmeklik hem girýändir. Dünýäniň ussatlygy diýenine Hudaý ogurlyk diýýändir. Adamlary bolmalysyndan artyk işlemäge mejbur edebem, olaryň haklaryny tölemezlik hem bu parzy bozmaklykdyr. Biziň diňe käbirlerimiz öz şahsy işlerimizde we gazançlarymyzda elmydam üýtgewsiz galandyrys. Bu gadagan ediji parzlar oňaýly mana hem eýedirler. Hakykatdan hem adam öldürmeklikden daşda durmaklyk üçin beýleki adamlaryň saglygy hakynda alada edip, olaryň durmuşlaryny goldamaklyk üçin elimizden gelenini etmelidiris. Diňe bir zynadan saklanmaklyk ýeterli däldir. Parz garşydaş jynslaryň bir-birlerine dogry, sagdyn we hormat goýujy gatnaşyk etmegini talap edýändir. Şeýlelik bilen, ogurlykdan gaça durmaklyk — eger adam açgöz ýa-da gaharjaň bolsa, onda nähilidir bir aýratyn ýagşylyga eýe bolmaklygy aňladýan däldir. Pawlus üçin ogrynyň ogurlamakdan elini üzmekligi ýeterlidi: ogry işlemäge başlamalydyr. Umuman alanyňda, ol tä mätäç bolanlara kömek edip biler ýagdaýyna çenli adyllyk bilen işlemekligini dowam etdirmelidir. 9. Başga adamyň garşysyna ýalan şaýatlyk etme Soňky bäş parz hakyky söýginiň göz öňünde tutýan beýleki adamlaryň hukuklaryny hut şeýle ýagdaýda hormatlamagy aňladýandyr. Bu parzlary bozmaklyk — diýmek adamdaky iň gymmatbaha bolany ogurlamagy aňladýandyr: onuň durmuşyny («adam öldürme»), onuň maşgalasyny ýa-da abraýyny («zyna etme»), onuň hususy zadyny («ogurlama») we onuň oňat adyny («başga adamyň garşysyna ýalan şaýatlyk etme»). Bu parz diňe bir kazyýet işine degişli däldir. Ol dogrudan hem ýalan şaýatlyk etmekligi öz içine alýandyr. Emma şeýle-de ol jedelleriň ähli görnüşlerini, töhmeti, gybatlary we myş-myşlary, ähli ýalany we hakykaty bilgeşleýin artyk edip görkezmekligi ýa-da ony ýoýmaklygy öz içine alýandyr. Biz ýalan myş-myşlara gulak asyp, ýalan şaýatlyk edip bilýändiris. Şeýle-de olary ýaýradyp, beýlekiler babatda degişmeler aýdyp, ýalan duýgulary döredip, ýalan tassyklamalary düzetmän we käwagtlar sesimizi çykarman ýalan şaýatlyk edip bilýändiris. 10. Göz dikme Onunjy parz käbir manyda beýlekilerden-de giň mana eýedir. Ol bu on parzy daşky ahlak kada-kanundan içki ahlak standarta öwürýändir. Raýatlyk kanuny bizi diňe ogurlyk üçin jezalandyryp bilýändir, emma eýe bolmaklyk islegi üçin däldir. Göz dikmeklik içki durmuşa degişlidir. Ol ýürekde we aňda gizlenýändir. Ten höwesiniň — zyna, gaharyň — adam öldürmeklige degişli bolşy ýaly, göz dikmeklik hem ogurlyga degişlidir. Biziň göz dikmeli däl we parzda ýatlanan ähli zatlarymyz şu wagta gaty degişlidir. Jaýyň ýetmezçilik edeninde, köpler özleriniň goňşularynyň öýlerine göz dikýändirler, eger erkekler öz goňşularynyň aýallaryny islemedik bolsadylar, kazyýet aýrylyşyk baradaky işlere beýle kän seretmezdiler. «Butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň» diýip, Pawlus ýazýar we oňa gapma-garşy edip: «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr» diýýär (Koloseliler 3:5; 1 Timoteos 6:6). Bu parzlary sanamyklyk günäniň betnaşyn düzüwine yşyk saçdy. Hawa, köp zatlar biziň içki durmuşymyzda, biziň aňymyzyň gizlin burçlarynda bolup geçýändir. Muny beýlekiler görýän däldirler we muny biziň öz-özümizden hem gizlemegimiz bize başardýandyr. Emma Hudaý ähli zady görýändir. Onuň bakyşy biziň ýüreklerimiziň çuňňur gizlinliklerine aralaşýandyr: «Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr» (Ýewreýler 4:13). Ol bizi özümiziň bolşumyz ýaly görýändir. Dogrudanam, kanunyň maksady günäni ýalaňaçlamakdy, çünki «günäni bilmek kanun arkaly döreýändir» (Rimliler 3:20). XIX asyryň meşhur wagyzçysy K. H. Sperjen 14 ýaşyndaka, ol özüniň hususy günäliliginiň täsin duýgusyny başyndan geçirdi. Hiç haçanky bolmaýşy ýaly, ol iki hakykata düşündi — «Hudaýyň beýikligi we meniň günäliligim». Ol özüniň hususy mynasyp dälliginiň duýgusyny başyndan geçirdi. «Meniň durmuşyma syn edeniň, onda hiç hili bir aýratyn elhenç günäni tapmajakdygyna men hiç-de şübhelenmeýändirin; ýöne muňa garamazdan, men özüme seredenimde, Hudaýa garşy bolan elhenç günäni gördüm. Men aldaýan, mekirlik edýän, hapa gepleýän beýleki oglanlara meňzeş däldim. Birdenem men kanuny… Hudaýyň on parzyny göterip gelýän Musa duş geldim we men olary okanymda, edil olaryň bary birleşip, meni üç esse mukaddes bolan Taňrynyň huzurynda günäkärleýän ýalydylar». Biziň ýagdaýymyzda hem bizi Hudaýyň beýik we dogry bolan kanunyndan başga hiç zat hem günälidigimize ynandyryp biljek däldir. 6. Günäniň netijeleri Biz adamyň günäsiniň tebigaty we ählumumylygy ha kynda käbir zatlary bildik. Biz bu giň göwrümli mowzugy taşlap, haýal etmän Mesihiň halas etmeklik baradaky hoş habaryna geçmekligi islärdik. Ýöne biz heniz muňa taýyn däldiris. Özümiz üçin Hudaýyň näme edendigine we Mesihde Onuň bize näme hödürleýändigine dogry baha berip bilmekligimiz üçin, bize günäniň netijeleriniň nähilidigine düşünmeklik gerekdir. Dogrudanam günä şeýle bir çynlakaýmy? Eger onuň Hudaýa, özümize we biziň doganlarymyz bolan adamlara bolan täsirine syn etsek, onda onuň neneň çyndygyna oňat göz ýetirip bilýändiris. Hudaýdan daş bolmaklyk Hatda eger biz muňa şu wagt aň ýetirmeýän bolsak, günäniň iň elhenç täsiri — bu onuň bizi Hudaýdan daş edýänligidir. Adamyň iň beýik maksatnamasy — bu onuň Hudaýy tanamaklygydyr, Onuň bilen şahsy gatnaşyklara eýe bolmaklygydyr. Biziň adamzat hökmündäki ýagşylygymyzyň iň oňat tassyklamasy — bu biziň Hudaýyň keşbinde ýaradylandygymyzdyr, diýmek, biz Ony tanap bilmeklige ukyplydyrys. Emma biziň bilip bilýän we bilmäge borçly bolan Hudaýymyz dogruçyl Şahsyýetdir we Öz ahlak kämilliginde tükeniksizdir. Mukaddes Ýazgy şu hakykaty dürli hili edip belleýändir: «Çünki beýik we belent Bolan, ebedilikde mesgen Tutan we ady Mukaddes bolan şeýle diýýär: Men beýik we mukaddes ýerde mesgen tutýaryn…» Işaýa 57:15 «Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi, ölümsizligiň ýeke-täk eýesi, ýetdirmez nurda ýaşaýan…». 1 Timoteos 6:15-16 «Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur. Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris». 1 Ýahýa 1:5-6 «Çünki Hudaýymyz iýiji otdur». Ýewreýler 12:29; Kanun taglymaty 4:24 «Gözleriň ýamanlygy görerden päkdir, Sen azgynlyga seredip bilýän dälsiň». Habakuk 1:13 Mukaddes Kitapda ýatlanýan Hudaýyň şöhratyny azajyk wagtlap bolsa hem gören adamlar utançdan we özleriniň günäkärdiklerini haýran galdyryjy ýagdaýda görendiklerinden iki büküldiler. Hudaý Özüni ýanyp duran otda Musa görkezeninde, ol ýüzüni ýapdy, çünki Hudaýa seretmekden ol gaty gorkdy (Çykyş 3:1-6). Hudaýyň «şemalda» özi bilen gepleşen Eýýup Onuň beýikligini arşa göterip, şeýle diýdi: «Sen barada gulagym bilen eşidipdim, indi bolsa gözüm Seni gördi. Munuň üçin özümi ýigrenýärin, gumda, külde toba edýärin» (Eýýup 42:5-6). Ýaş oglan bolan Işaýa Ysralyýylyň pygamberi bolanynda, «beýik we belent tagtda oturan» Hudaýdan ylham gelipdi. Şonda perişdeler Hudaýy gurşap, Ony alkyşlaýardylar, Onuň şöhraty we mukaddesligi hakynda aýdymlar aýdýardylar. Şonda Işaýa şeýle diýýär: «Waý meniň halyma! Işim gaýtdy; çünki men dodaklary hapa adam we dodaklary hapa halkyň arasynda ýaşaýaryn; çünki gözlerim Patyşany, goşunlar Rebbini gördi» (Işaýa 6:1-6). Hezekiýele diri ganatly mahluklar we hereket edýän tigirler, olaryň üstünde bolsa tagt, tagtda bolsa oduň we älemgoşaryň yşygy bilen gurşap alnan oturan adamyň sypaty görnüş bolanda, ol munuň «Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidigini» bilipdi we şondan soň şeýle diýipdi: «men gören badyma ýüzin ýykyldym» (Hezekiýel 1:28). Mesihilere gazapdan doly bolan Saul Damaska barýarka, ol göklerden inen gaty güýçli yşyk bilen ýere ýykydylyp, kör bolupdy. Bu yşyk gündiziň gününden hem ýagtylydy. Biraz soňra ol özüniň nädip Mesihi görendigi hakynda ýazýar: «Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi» (Resullaryň Işleri 9:1-9; 1 Korintoslylar 15:8). Garran Ýahýa Patmos adasynda sürgünde bolanynda, ölülerden direlip, şöhrata geýnen Isany nädip görendigi hakynda jikme-jik gürrüň berýär: Onuň gözleri «ot ýalny ýalydy», ýüzi bolsa «bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy». Soňra Ýahýa şeýle diýýär: «Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym» (Ýlham 1:9-17). Eger Hudaýyň aýdylyp bilinmedik beýikligini örtüp duran perde birsalymlap açylan bolsady, onda biz hem bu görnüşi görüp durup bilmezdik. Şu wagt biz Gudratygüýçli Hudaýyň şöhratynyň neneň ajaýyp bolmalydygyny ümürli göz öňümize getirýändiris. Ýöne bu mukaddes Hudaýa azaşan günäkäriň hiç haçan hem ýakynlaşyp bilmejekdigine düşüner ýaly ýeterli bilýändiris. Hudaýyň dogruçyllygy bilen adamzadyň günäkärliginiň arasynda ullakan uçut bardyr. «Dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?» diýip, resul Pawlus soraýar (2 Korintoslylar 6:6-14). Günäniň bizi Hudaýdan aýyrýanlygy Köne Ähtde Hudaýyň Öýi bilen Ybadathananyň gurluşygynda anyk göz ýetirilipdi. Olaryň ikisi-de iki bölümden ybaratdy: birinjisi we ulusy Mukaddes Ýer diýlip, içki we kiçisi bolsa Iň Mukaddes Ýer ýa-da Mukaddesleriň Mukaddesi diýlip atlandyrylýardy. Bu içki mukaddes ýerde Hudaýyň şöhraty ýerleşýärdi we ol Hudaýyň barlygynyň görnüp duran nyşanydy. Bu iki bölümleriň arasynda perde bardy. Bu galyň perde Mukaddesleriň Mukaddesine bolan girelgäni ýapýardy. Hudaýyň bar bolan ýerine girmeklige baş ruhanydan başga hiç kime hem rugsat berilmeýärdi. Baş ruhanynyň özi hem ýylda bir gezek, ýagny günäleriň ýuwulýan güni, onda-da, eger ol öz ýany bilen günäler üçin gurbanlyk alyp geleninde girip bilýärdi. Täze we Köne Ähtiň ýazarlary şeýle etmeklik bilen ysraýyllara şunuň aýdyň görkezilendigine öwredýärler: günä hökman aýralygy getirýändir, bu aýralyk bolsa «ölümdir», ruhy ölümdir, hakyky adamyň durmuşyň ýeke-täk çeşmesi bolan Hudaýdan aýra düşmekligidir. «Günäniň muzdy ölümdir». Onsoň, eger bu dünýäde biz bilegörä Isa Mesihi ret edýän bolsak (diňe Ol arkaly biz baky ýaşaýşa baryp bilýändiris), onda indiki dünýäde biz baky ölüme sezewar bolýandyrys. Dowzah — bu garaňky we elhenç hakykylykdyr. Özüňizi hiç kime aldatmaň. Isanyň Özi ol hakda aýdypdy. Dowzahyň Ýagtylyk bolan Hudaýdan tükeniksiz daş bolandygy üçin, Isa oňa «daşky garaňkylyk» diýipdi. Dowzah Mukaddes Kitapda «ikinji ölüm», «otly köl» diýip atlandyrýarlar. Bu sözler baky ýaşaýşy ýitirmekligi, Hudaýdan yzyna gaýdyp bolmaýan ýagdaýda jyda düşendigi üçin janyň elhenç küýsegini aňladýandyr (mysal üçin, Matta 25:30; Ylham 20:14-15; Luka 16:19-31 seret). Günä sebäpli peýda bolan Hudaýdan aýra düşmeklik diňe bir Mukaddes Kitap tarapyndan wagyz edilmän, eýsem adamlaryň tejribeleri bilen hem tassyklanýandyr. Men henizem özümiň çagalygymda dileg edip, Hudaýyň barlygyny duýmaklyga synanyşanymdaky utanjymy ýadyma salýaryn. Men näme üçin Hudaýyň edil ümüre bürenendigi ýaly özüme görünýändigine hiç düşünip bilmedim we Oňa hiç-de ýakynlaşyp bilmedim. Ol edil menden uzak aralykda duran ýalydy. Indi men onuň sebäbini bilýärin. Işaýa maňa jogap berdi: «Gutarmaz ýaly Rebbiň eli gysga däl, eşitmez ýaly gulagy agyr däl; Ýöne ýazyklaryňyz siz bilen Hudaýyňyz arasyna aýralyk saldy, günäleriňiz eşitmez ýaly Onuň ýüzüni sizden gizledi». Işaýa 59:1-2 Biz Hudaýa edil Ýeremeýanyň Agysy kitabyndakysy ýaly diýesimiz gelýändir: «Buluda bürendiň, ondan bolsa dileg geçmeýär» (Ýeremeýanyň Agysy 3:44). Emma, umuman alanymyzda, bu bulut üçin jogapkärçilidi Hudaý däl-de, biziň özümiz çekýändiris. Bulutlaryň günüň ýüzüni berk büreýişleri ýaly, biziň günälerimiz hem bizden Hudaýyň ýüzüni gizleýändir. Şeýle boşlugy başyndan geçirendiklerini köp adamlar meniň ýanymda boýun aldylar. Käwagtlar agyr ýagdaýlarda, howplarda, şatlyklarda ýa-da gözellige syn edenlerinde, olar özleriniň köplenç Hudaýdan aýrydyklaryny ýa-da özleriniň terk edilendiklerini duýýandyrlar. Bu ýöne bir duýgy däl, bu — hakykat. Tä günälerimiziň bagyşlanyna çenli biz sürgünde, hakyky öýümizden gaty daşda bolýandyrys. Bizde Hudaý bilen gatnaşyk ýokdur. Mukaddes Kitabyň dili bilen aýdanymyzda, biz özümiziň eden ýalňyşlyklarymyz we günälerimiz üçin «azaşan» we «öli» bolanlardyrys. Erkekleriň we aýallaryň häzirki howsalalary hut şunuň bilen düşündirilýändir. Adamlaryň ýüreklerinde açlyk bardyr we ony diňe Hudaý gandyryp bilýändir; olaryň ýüreklerinde boşluk bardyr we ony diňe Hudaý dolduryp bilýändir. Aňk-taňk edýän täzeliklere, söýgi baradaky kinolara, oňat iýip-içmeklige, gybatlara we höweslere, neşedir temmäkä, jynsy gatnaşykdyr zorluga bolan talap — bularyň bary adamzadyň kanagatlanma gözlemekliginiň alamatlarydyr. Bu agzalan zatlaryň bolmaklygy — adamlaryň Hudaýy küýseýändikleriniň we Ondan daşdadyklarynyň alamatlarydyr. Awgustin özüniň «Boýun alma» atly eserinde: «Sen biziň üçin Özüňi ýaratdyň we biziň ýüreklerimiz tä Sende rahatlyk tapanyna deňeç, hiç haçan hem köşeşmez» diýip aýdanynda, gaty mamla bolupdyr. Bu ýagdaý beýan edilip bolmaýan ýagdaýda gaýgylydyr. Adam özüni Hudaýyň ýaradanyndaky niýetnamasyny elinden sypdyrýandyr. Öz öňümizde gul bolmaklyk Günä diňe bir aýyrýan däldir, ol şeýle-de gul edýändir. Eger ol bizi Hudaýdan aýyrýan bolsa, şeýle-de ol bizi ýesir edýändir. Şu wagt biz günäniň «içine» syn etmelidiris. Bu şowly bolmadyk daşky herehetden ýa-da gylykdan uly bolan zatdyr; bu gaty çuň oturan içki dargamadyr. Umuman, biziň edýän günälerimiz — bu ikçi we görünmeýän keseliň baryýogy daşky ýa-da görnüp duran alamatydyr, ýagny ahlak keseliniň alamatlarydyr. Isanyň ulanan deňeşdirmesi agaç we onuň miweleri hakynda gürrüň berýändir. Bu agajyň nähili miweler getirjekdigi (mysal üçin, hurma ýa-da üzüm) we bu miweleriň hili (oňat ýa-da erbet) tebigata we agajyň özüniň saglygyna baglydyr. Edil şeýlelikde hem «agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir». Bu babatda Isa Mesih hakynda şu wagt sosial reformatorlar we rewolýusionerler kän gürrüň edýärler. Elbetde, biziň hemmämize bilim we daş-töwerek, özümiziň ýaşaýan syýasy we ykdysady sistema oňat ýa-da erbet täsir edýändir. Elbetde, biz hemmeler üçin adalatlygy, azatlygy we ýagşylygy agtarmalydyrys. Ýöne adamzat jemgyýetindäki ýamanlyk hakynda gürrüň etmeklik bilen, Isa bu azatlygyň, adalatlygyň we şuňa meňzeşleriň ýetmezçiligi hakynda aýtmady. Ýok, Ol adamyň durky, ýagny Onuň biziň «ýüregimiz» diýip aýdany hakynda gürrüň etdi. Ine, Onuň anyk sözleri: «Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar. Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär». Markus 7:21-23 Köne Äht bireýýäm bu hakykat hakynda öwredipdi. Ine, bu hakda Ýeremeýa şeýle diýipdi: «Ýürek her zatdan mekirdir; ony bejerip bolmaz; muňa kim düşünip biler?» (Ýeremeýa 17:9). Esasynda, adamzadyň tebigatynyň bu keseli ýa-da «enebitdi günä» hakynda Mukaddes Kitapda kän ýatlamalar bardyr. Biziň miras alýan bu özüňe ünsi jemlemeklik özüniň kökleri bilen adamzadyň şahsyýetine çuňňur aralaşýandyr we müňlerçe betnyşan zatlarda aýan bolýandyr. Resul Pawlus muňa «ten» diýýär we onuň «işlerini» ýa-da miwelerini sanap geçýär: «Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr». Galatýalylar 5:19-21 Günäniň adam tebigatynyň içden dargamaklygy bolýandygyna görä, biz ýesirlikde bolýandyrys. Bizi gul edýän bu kesgitli gylyk-häsiýetlerdir hereketler däl-de, olaryň ösüp çykýan erbet keselidir. Şeýle, Täze Äht bizi edil «gullar» kimin ençeme gezek beýan edýär. Biz öýkeleýäris, emma bu hakykatdyr. Isa: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýmekligi bilen, birnäçe fariseýleriň nägileligini döretdi (Ýahýa 8:31-32). Olar ylalaşmadylar: «Biz Ybraýymyň perzentleridiris, hiç haçan hiç kime gul bolan däldiris. Seniň „Azat bolarsyňyz“ diýýäniň näme?» Isa olara jogap berip diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr». Resul Pawlus özüniň hatlarynda bizi günäniň alyp barýan kemsidiji gulçulygy ençeme gezek beýan edýär: «…siz günäniň gullarykaňyz…» Rimliler 6:17 «Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, aklyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahargazaba sezewar bolan adamlardyk». Efesliler 2:3 «Çünki bir wagtlar biz hem aň-düşünjesiz, söze gulak asmaz, ýolundan azaşan, dürli höweslere hem-de keýplere bakna, ýamanlyk hem göriplikde ýaşap, ýigrenji, biri-birlerini ýigrenýän adamlardyk». Titus 3:3 Bize özümiziň hususy güýjümiziň we barlagymyzyň ýetmeýändigine mysal edip, Ýakup biziň dilimizi saklamaklygyň neneň kyndygyny görkezýär. Özüniň deňeşdirmelerden doly bolan şol babynda ol şeýle diýýär: «Kim gepinde büdremese, kämil adam bolup, bütin bedeni-de jylawlamagy başarar». Ol diliň kiçi agza bolubam, neneç uly işler edýändigini görkezýär. Onuň täsiri edil ot kimin tutaşýandyr, ol — «durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr». Ýakup şeýle diýýär, ýagny biz dürli haýwany ýa-da islendik guşy eldekileşdirip bilýändiris, emma «dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir» (Ýakup 3:1-12 seret). Bize bu gaty oňat mälimdir. Bizde ýokary maksatnamalarymyz bardyr, emma erkimiz gaty gowşakdyr. Biz dogry durmuş alyp barmaklygy isleýändiris, emma biz özümiziň men-menligimiziň türmesinde zynjyrlanandyrys. Öz azatlygymyz bilen näçe magtanýandygymyza seretmezden, biz hakykatda diňe gullardyrys. Bize Hudaýa gelip, şeýle diýmeklik gerekdir: «Hudaý, men öz işimi gutaryp bilmedim. Men hiç zat hem edip bilmedim. Durmuşymda söweş hem ýokdur, Onda hiç bir ýeňişler-de ýokdur. Men Saňa gürrüň bermäge geldim, Nädip söweşip-de, ýeňilendigim — Biderekligiň we gowşaklygyň Şeýle adamzat, gaty agamzat taryhy». goşgynyň S. Kennediniň setirme-setir terjimesi Bize özümizi alyp barmaklygyň düzgünlerini öwranöwran edip görkezmeklik biderekdir; biz olar boýunça ýaşap bilýän däldiris. Goý, Hudaý: «Etme…» diýip, aýtmagyny dowam etdirebersin, şonda-da biz etmegimizi dünýäniň ahyryna çenli dowam etdireris. Öwüt-nesihatlar kynçylygy çözýän däldir: bize Halasgär gerek. Ýürekdäki üýtgemelersiz aňyňdaky üýtgemeleriň bolmaklygy ýeterli däldir. Adam fiziki güýjüň, ýadro reaksiýasynyň güýjüniň syryny açdy. Indi onuň özünden azat bolmaklygy, özüni boýun egdirip, özüne ýolbaşçylyk ederi ýaly oňa ruhy güýç gerekdir; onuň ylmy gazananlarynyň üstesine, özüne ahlak häsiýetini berip bilýän güýç oňa gerekdir. Beýlekiler bilen dawa Günäniň elhenç netijelerini görkezýän biziň düzüwimiz heniz doly däldir, biz ýene bir zada — günäniň biziň beýlekiler bilen gatnaşygymyza edýän täsirine seretmelidiris. Günäniň biziň tebigatymyzyň çuň töründe oturan keseldigine göz ýetirdik. Ol biziň şahsyýetimiziň merkezinde kök urupdyr. Ol bize ýolbaşçylyk edýändir. Umuman, günä — bu bizdiris. Biziň edýän ähli günälerimiz öz-özümizi ýa-da Hudaýa, ýa-da adamlara garşy berkarar etmegimizi göz öňünde tutýandyr. On parzlar gadagan edijilik häsiýete eýe hem bolsa, olar biziň Hudaýyň we adamlaryň alnyndaky borjumyzy yglan edýändirler. Isanyň Lewiler kitabyndaky aýada (19:8) Kanun taglymaty kitabyndaky aýady (6:5) goşup, Kanuny jemläp aýdanynda, bu pikir gaty aýdyň bolýandyr: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý“. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý“. Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr». Birinji parzyň biziň adamlaryň öňlerindäki däl-de, Hudaýyň öňündäki borjumyz hakynda aýdýandygyny bellemeklik gaty wajypdyr. Biz ilki bilen Hudaýy söýmelidiris, onsoň öz goňşymyzy özümiz ýaly söýmelidiris. Şeýlelik bilen, Hudaýyň sözi boýunça, biz Ony birinji orunda, onsoň beýlekileri, özümizi bolsa iň soňky orunda goýýandyrys. Günä — bu ters tertipdir. Bu diýmeklik — özüňi birinji orunda, beýlekileri soňky orunda tutmaklykdyr, Hudaý bolsa iň yzky orunlarda galýandyr. Adam öz terjimehalyny ýazyp, ony «Gadyrly Men» diýip atlandyrmagy bilen, ol biziň ählimiziň özümiz hakyndaky pikirlenmelerimizi beýan etdi. Haçanda çagalar baýramçylygyna buzgaýmak getirenlerinde, şeýle gykylyk galýandyr: «Men birinji!». Biziň näçe ulaldygymyzça, şeýle zatlary ses bilen aýtmazlyga bizi öwredýändirler, emma biz hut şeýle pikir etmegimizi dowam etdirýändiris. Enebitdi günä ruhany Uilýam Gempliň beren kesgitlemesi bu hakykaty gaty oňat beýan edýändir: «Men — özümiň görýän dünýämiň merkezidirin; bu dünýäde gorizontyň (gözýetimiň) ýerleşişi men nirede durandygyma baglydyr… Belki-de, eger meniň gyzyklanmalarymyň gözýetimini giňeltseň, onda bilim meniň öz-özüme üns bermekligimi azrak derejede elhenç edýändir; häzirlikçe bu meniň diňe dyrmaşyp çykyp, özüm üçin gözýetimiň giňelýändigine meňzeşdir, emma şonda-da men hasabyň merkezi nokady bolup durýandyryn». «Mesihilik we sosial tertip», 1942 Bu özümize bolan umuny üns bermeklik biziň ähli hereketlerimize täsir edýändir. Beýleki adamlara öwrenişmeklik biziň üçin ýeňil däldir. Biz ýa-da olary ýigrenmeklige, ýa-da olara göz dikmeklige, ýa-da özümiziň artykmaçlygymyzy, ýa-da özümiziň kemsitgidigimizi duýmaklyga ymtylgydyrys. Çünki biz Pawlusyň öz okyjylaryna maslahat beren sagdyn höküm bilen özümiz hakynda seýrek pikir edýändiris. Käwagtlar bizi özümize bolan rehimdarlyk, başga wagtlar bolsa — şöhratparazlyk, özerklilik ýa-da özümize bolan söýgi doldurýandyr. Durmuşdaky ähli gatnaşyklar — ata-eneler bilen çagalaryň, aýaly bilen äriniň, başlyk bilen işgärleriň gatnaşyklarynyň bary çylşyrymlydyr. Howpsuzlygyň ýetmezçiligi, maşgaladaky berkligiň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan ýetginjekleriň jenaýatçylygynyň sebäpleriniň kändigi şübhesizdir, emma hakykatda bolsa jenaýatçylar (haýsy sebäp bilen bolýandygyna seretmezden) özlerini jemgyýete garşy aýaga galdyrýandyrlar. Eger adamlar öz ýanýoldaşlaryny günäkärlemegiň deregine köpräk özlerini günäkärlemeklik derejesine çenli pesgöwünli bolsadylar, ýüzlerçe aýrylyşyklaryň öňüni alsa bolardy. Nikalary çaýkanan är-aýallar meniň ýanyma gelenlerinde, men olaryň ikileriniň hem ýagdaýy dürli-dürli gürrüň berýändiklerine elmydam üns berýärin. Käwagtlar ýagdaý şeýle bir dürlüdir welin, hatda (eger öňünden bilmeseň) bu ýagdaýyň birdigini olaryň sözlerinden aňyp hem bolýan däldir. Jedelleriň aglabasy düşünmesizlik sebäpli bolup geçýändirler, düşünmesizlik bolsa — beýleki adamyň gözýetimine hormat goýup bilmezlik zerarly bolýandyr. Biziň üçin diňlemekligiň deregine geplemeklik, boýun bolmaklygyň deregine jedel etmeklik tebigydyr. Bu edil maşgala jedelleri üçin bolşy ýaly, senagat jedelleri üçin hem dogrudyr. Eger iki taraplar hem ilki bilen özlerine tankyt edeji ýagdaýda seredip, soňra bolsa beýlekilere hoşniýetlilik bilen seretsediler, onda işgärler bilen ýolbaşçylaryň arasyndaky ençeme dawalardan gaça durup bolardy. Munuň deregine biz elmydam özümiz babatda rehimdar, beýlkilere bolsa tankytly gatnaşyk edýändiris. Çylşyrymly we rahat bolmadyk halkara gatnaşyklary hakynda hem hut şulary aýtmak mümkindir. Biziň gözýetimimiz birtaraplaýyndyr. Biz hem özümiziň ýagşylyklarymyzy, hem-de beýlekileriň günälerini bolmalysyndan artyk edýändiris. Häzirki durmuş taýdan gatnaşyklary höküm etmeklik bilen şeýle sözleri ýazmaklyk gaty ýeňildir. Munuň şeýle edilmeginiň ýeke-täk sebäbi — bu adamzadyň günäsiniň ýa-da diňe özüň hakda alada etmekligiň biziň ähli kynçylyklarymyzy döredýändigini görkezmeklikdir. Hut şu ýerden hem töwerekdäkiler bilen näsazlyklardyr dawalar ýüze çykýandyr. Eger öz-özüňi berkarar etmeklik ruhuny öz-özüňi gurban etmeklik ruhy bilen çalşyp bolsady, onda ähli dawalar gutarardylar. Hut öz-özüňi gurban etmeklik hem Mukaddes Kitabyň «söýgi» diýip atlandyrýanydyr. Günä özüne degişli edýändir, söýgi bolsa özünden berýändir. Günä kabul etmeklik mahsusdyr, söýgä bolsa — bermeklik islegi. Adama gerek bolan zadyň bary — bu onuň tebigatynyň büs-bütin üýtgemekligidir. Professor H.M. Gwatkin muny «özüňden» «özüň däle» bolan üýtgeşik diýip atlandyrdy. Adamyň özi bu üýtgeşigi özünde geçirip bilýän däldir. Ol öz-özünden hereket edip bilýän däldir: oňa ýene-de Halasgär gerekdir. Biz günäni diňe bir maksat bilen şeýle ýalaňaçlaýandyrys. Bu bizi özümize Isa Mesihiň gerekdigine ynandyrmaklyk, bizi Onuň özümize teklip edýänlerine düşünip, olary kabul edip bilmeklige taýynlamak üçin wajypdyr. Ynam mätäçlikden döreýändir. Biz tä öz-özümizde lapykeç bolanymyza çenli, hiç haçan hem Mesihe ynanmaýandyrys. Onuň Özi şeýle diýipdi: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir… Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» (Matta 9:12-13). Diňe haçanda biz özümiziň keselimiziň neneň çynlakaýdygy bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, diňe şonda biz sagaldylmagyň neneň çalt gerekdigini boýun alýandyrys. III. MESIHIŇ IŞI 7. Mesihiň ölümi Mesihilik — halas bolmaklygyň ýoludyr. Ol Hudaýyň bizi günälerimizden azat etmekligi üçin birinji bolup Isa Mesihde bize tarap hereket edendigini yglan edýändir. Bu — Mukaddes Kitabyň esasy mowzugydyr. «Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder». Matta 1:21 «Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir». Luka 19:10 «„Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi“ diýen söz takyk, her taýdan kabula laýyk sözdür». 1 Timoteos 1:16 «Biz synladyk, Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberenine güwä geçýäris». 1 Ýahýa 4:14 Anyk aýdanymyzda, günäniň biziň seredip geçen üç sany esasy netijeleriniň bardygyna görä, «halas bolmaklyk» olaryň ählisini hem öz içinde alýandyr. Halasgär Isa Mesih arkaly bizi sürgünden yzymyza dolandyryp, Hudaý bilen ýaraşdyryp bolýandyr; biz täzeden doglup bilýändiris, täze tebigata eýe bolup bilýändiris we ahlak taýdan bozuklyklarymyzdan azat bolup bilýändiris; köne düşünmesizlikleri söýgüdäki gatnaşyk bilen çalşyp bolýandyr. Halas bolmaklygyň birinji bölümini Mesih Özüniň ölümi bilen mümkin etdi; ikinjisini — Mukaddes Ruhuň sylagy bilen we üçünjisini — Öz ýygnagyny esaslandyrmagy bilen. Bu bapda biz bularyň birinjisine syn ederis, indiki bapda bolsa galan ikisine serederis. Resul Pawlus öz zähmeti hakynda «ýaraşdyrma gullugy», özüniň hoş habarçylygyna bolsa «ýaraşdyrma haty» diýdi. Ol bu ýaraşmanyň nireden gelýändigini anyk görkezdi. Hudaý bu ýaraşmanyň çeşmesi we Hudaýyň Özi hereket edýändir. «Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy» (2 Korintoslylar 5:18). Ýene-de: «Hudaý Mesihde dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy». Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly gazanylanlaryň bary öz gözbaşyny baky Hudaýyň düşünjesinden we ýüreginden aldy. Mesihiň ölüminiň we adamlaryň halas bolmaklarynyň bu bolan ýagdaýy boýun almaýan düşündirişi Mukaddes Kitabyň taglymaty bilen gabat gelýän däldir. «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Şeýle-de: «Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna, Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, Gökdäki zatlar bolsun — baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy» (Koloseliler 1:19-20). Emma «ýaraşdyrmak» — bu näme? Hut şu söz edil «günäleri ýuwma» diýip hem terjime edilýändir. Ol ýa-da iki duşmançylykly taraplary «bir» edýän hereketi, ýa-da olaryň birliginiň şatlyk getirip, özleriniň manylaryna eýe bolan ýagdaýyny aňladýandyr. Resul Pawlusyň sözlerinde görä, ýaraşmaklygy biz Rebbimiz we Halasgärimiz bolan Isa Mesih arkaly «kabul edendiris». Biz oňa öz güýjümiz bilen eýe bolmadyk; biz muny Ondan sylag hökmünde kabul etdik. Günä aýralygy döretdi; haç, Mesihiň haça çüýlenmegi günäleriň ýuwulmagyny amala aşyrdy. Günä duşmançylygy goýdy, haç parahatlyk getirdi. Günä Hudaý bilen adamyň arasynda uçut goýdy, haç bolsa onuň üstünden köpri gurdy. Günä biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyzy bozdy, haç bolsa olary dikeltdi. Bu hakykaty resul Pawlusyň Rimlilere ýazan hatyndakysy ýaly başga sözler bilen beýan etmek mümkindir: «Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr» (Rimliler 6:23). Emma halas bolmaklyk üçin haç näme üçin wajyp boldy? Ol dogrudan hem mesihilik üçin şeýle gaty wajypmyka? Hakykatda ol näme gazandy? Hut haçyň merkezi orny we manysy hakynda biz şu wagt oýlanarys. Haçyň merkezi orny Isanyň ölüminiň günäler üçin gurbanlyk bolandygynyň Mukaddes Kitabyň iň wajyp ýüzlenmesidigine düşünmeklik üçin, biz ilki bilen Köne Ähte dolanmalydyrys. Ozaldan başlap, Köne Äht dini gurbanlyklarda esaslandyrylypdy. Habylyň öz sürüsinden guzyny gurbanlyk getireninden we «Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul edeninden» bäri, Biribara ynanýanlar oňa gurbanlyklar getirýärler (Gelip Çykyş 4:4). Adamlar gurbanlyk sypalaryny gurdular, haýwanlary öldürip, Musanyň kanunyndan ençeme wagt öň hem haýwanlaryň ganlaryny dökýärdiler. Ilki bilen bu anyk bir düzgünsiz edilýärdi, emma Sinaý dagynda Hudaý bilen adamlaryň arasynda äht baglanyşylanyndan soň, Musanyň kanunyna laýyklykda düzgünleşdirilipdi. Biziň eramyzdan öň VIII–VII asyrlaryň beýik pygamberleri Hudaýa sežde edýänleriň ak ýüreksizdiklerine we ahlaksyzlyklaryna garşy çykypdylar, emma tä Isanyň doglanyndan soňky 70-nji ýylda Ybadathananyň dargadylanyna çenli, gurbanlyk getirmeklik dowam edip gelipdi. Her bir ýewreý üçin gurbanlyk bermekligiň däpleri, mukaddes ýere girmeklik üçin getirilýän gurbanlyklar, berilmeli içgi gurbanlyklary, şeýle-de, bu gurbanlyklaryň getirilmeli aýratyn günleri, hepdeleri, aýlary anyk bellidi. Ýekeje ýewreý hem öwrenmekligiň esasy sapagyny özleşdirmän bilmezdi: bu sapak — «her bir jandaryň jany — onuň ganyndadyr» we «gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz» (Lewiler 17:11; Ýewreýler 9:22). Köne Ähtiň gurbanlyklary Mesihiň gurbanlygyny görnüp duran nyşanlar arkaly görkezýärdi; pygamberler we mezmurçylar muny sözleri bilen aýdýardylar. Biz Isany mezmurlarda edil jezalandyrylan, emma günäsiz gurbanlyk hökmünde görüp bilýändiris. Biz beýleki kitaplardan Onuň alada edýän çopan ýalydygyny, öňünden bellenen patyşa ýalydygyny görýändiris. Emma Işaýanyň kitabynda Ol gaty anyk beýan edilendir: «Ol äsgerilmedi, ynsanlar tarapyndan taşlandy, agyry çekip, syrkawçylyklara uçrady, özünden ýüz dönderilen adam kimin äsgerilmedi we biz Ony hiç zatça görmedik. Biziň syrkawçylyklarymyzy Ol ýük edindi we agyrylarymyzy Ol çekdi; onda-da biz Ony Hudaý urup, azap we muşakgata duçar edendir diýip pikir ýetdik. Emma Ol biziň jenaýatlarymyzdan ötri ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan öte ejir çekipdi; parahatlygymyzyň jezasy Onuň başyna geldi; Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk. Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýoluna sowuldy; Reb bolsa ählimiziň günäsini Onuň üstüne ýükledi. Ol sütem gördi, muşakgat çekdi, onda-da agzyny açmady. Damagyny çalmaga äkidilip barylýan guzy kimin, gyrkymçysynyň öňündäki goýun kimin agzyny açmady» (Işaýa 53 seret). Hakykatdan-da, «Mesih şeýle gördi görmelidi» (Zekerýa 13:7-ni Markus 14:27 bilen deňeşdir; Daniýel 9:25, 26; Luka 24:46). Isa ýere geleninde, Özüne nähili ykbalyň taýýardygyny bilýärdi. Ol Ýazgylaryň Özi hakynda güwälik edýändiklerini we hut Özünde adamlaryň umytlarynyň ýerine ýetiriljekdigini bilýärdi. Aýratynam bu Onuň ejir çekmeli günleriniň ýakynlaşanynda has anyk bolýandyr. Onuň hyzmatyndaky öwrümli ýer Kaýsariýa-Filipi etrabynda bolup geçipdi. Şol ýerde Simun Petrusyň Ony Mesih diýip kabul edeninden soň, Ol «Ynsan Oglunyň köp görgi görmelidigi hakda olara sapak bermäge başlady» (Markus 8:31). Hut şu «etmeli», ýagny Ýazgylar Atanyň erkini açmaklyk bilen, hökman etmelidigi Isanyň üstüne ýüklemegi Isanyň taglymatynda mydama ýüze çykýandyr. Ol: «Meniň ýerine ýetirmeli bir suwa çümdürilmäm bar, bu bolýança nähili darygýaryn!» diýipdi (Luka 12:50). Ol Özüniň «Meniň sagadym» diýenine tarap öňe barýardy. Injilde köplenç ol sagadyň gelmändigi hakynda gürrüň edilýändir. Bu «sagat» hakynda Ol Özüniň tutulmazynyň öň ýanynda, ýagny öňünde duran haçy görüp bileninde aýdypdy: «Eý Ata, pursat[3] geldi!» (Ýahýa 17:1). Amala aşmaly zatlaryň rejeleri Onuň duýgularyndan doludy: «Häzir Meniň ýüregim gysýar. Men näme diýeýin? „Eý Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Men bu pursata şonuň üçin geldim ahyryn. Eý Ata, adyňy şöhratlandyr» (Ýahýa 12:27-28). Onuň tutulmaly sagady geleninde we Petrus Ony goramaklyk üçin gylyjyna ýapyşanynda, Ol oňa käýedi: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren käsesini içmäýinmi?» (Ýahýa 18:11). Mattanyň Hoş Habary boýunça, Isa şeýle diýip sözüni dowam etdirdi: «Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Onda, bu şeýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?» (Matta 26:53-54). Köne Ähtiň öňünden aýdan we Isanyň ol hakda öwreden haçyň beýik manysy Täze Ähtiň ýazarlary tarapyndan doly boýun alynýandyr. Hoş Habarçylaryň dördüsi hem özleriniň ýazgylarynda Isanyň soňky günlerine we Onuň ölümine gaty kän ýer bagyşlaýarlar. Bu barada hatda Onuň bütin durmuşy we hyzmaty babatdaky gürrüňlerden hem kän ýazylandyr. Birinji Hoş Habaryň bäşden iki bölegi, ikinji Hoş Habaryň bäşden üç bölegi, üçünji Hoş Habaryň üçden bir bölegi we dördünji Hoş Habaryň ýarysy diýen ýaly Onuň Iýerusalime girmekliginden göklere galan pursadynyň aralygyndaky wakalara bagyş edilendir. Bu aýratynam Ýahýanyň Hoş Habarynda gaty geň galdyrýar. Bu kitaby käwagtlar iki deň bölege bölýärler: «Mugjyzalar kitaby» we «Rebbiň azaplar kitaby». Hoş Habarlarda göz öňünde tutulan zatlar ýygnaklara ýazylan hatlarda, esasan-da, resul Pawlusyň hatlarynda aç-açan tassyklanylýandyr. Bu resul okyjylara haç hakynda ýatlatmaga hiç haçan hem ýadamandy. Onuň özünde özi üçin ölen Halasgäriň öňündäki borjuň ýiti duýgusy bardy. «Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna» — diýip, ol ýazýar we şonuň üçin hem «Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga bir zat bilen magtanmaryn» diýýär (Galatýalylar 2:20; 6:14). Gerk filosofiýasynda azaşyp gitmekligiň howpy abanan Korintoslylara resul şeýle ýazýar: «Çünki ýehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär. Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris» (1 Korintoslylar 1:22-24). Resul Pawlus özüniň Afinydan Korintosa bolan ikinji gezekki syýahatynda bolsa şeýle diýipdi: «Çünki siziň araňyzdakam, Isa Mesihden, Onuň haça çüýlenmeginden başga hiç bir zady bilmezligi ýüregime düwdüm» (1 Korintoslylar 2:2) we ýene-de: «Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi» (1 Korintoslylar 15:3). Haça bolan şu üns Täze Ähtiň beýleki kitaplarynda hem aýdyň görünýändir. Biraz soňabaka Petrusyň bu hakda ýazyp, oýlanandygyny görýäris. Ýewreýlere ýazylan hatda bolsa göni tassyklama bardyr: «Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi» (Ýewreýler 9:26). Haçanda biz syrly we täsin kitap bolan Ylham kitabyna ýetenimizde bolsa, bize birsalymlap Isanyň göklerdäki şöhratlanan keşbi diňe bir «Ýahuda taýpasyndan bolan Arslan kimin» däl-de, eýsem «damagy çalnana meňzeş bir Guzy» kimin hem görünýändir (Ylham 5:5-6); şeýle-de, biz sansyz-sajaksyz mukaddesleriň we perişdeleriň Oňa alkyş aýdýandygyny eşidýändiris: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty, şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr» (Ylham 5:12). Şeýlelikde, Çelip Çykyş kitabynyň birinji baplaryndan başlap, tä Ylham kitabynyň soňky babyna çenli biz käbir ýazyjylaryň «gyzyl sapak» diýip atlandyrýanyny görüp bilýändiris. Bu dogrudan hem Ariadnanyň sapagyna meňzeşdir, onuň kömegi bilen biz Ýazgylaryň aýlawlaryndan geçip bilýändiris. Mesihi ýygnak hem Mukaddes Kitabyň haçyň merkezi orny hakynda öwredýändigini boýun alýandyr. Mesihi ynam — bu haça çüýlenen Mesihiň ynamydyr. Haçsyz mesihilik ýokdur. Emma näme üçin? Haç nämäni aňladýar? Haçyň manysy Bu ýerde köp zatlaryň syr bolup galýandygyny boýun almazymdan, men Mesihiň ölüminiň manysyny açmaklyga girişip bilýän däldirin. Haç — bu taryhdaky sütün bolup durýan waka diýip, mesihiler ynanýarlar. Biziň kämil bolmadyk aklymyzyň muňa doly düşünip bilmeýändigi geň zat däl! Wagtyň geçmegi bilen, perde bütinleý aýrylar we ähli syrlar aýan bolar. Biz Mesihi Öz bolşy kimin göreris we Onuň amala aşyran işi üçin Ony baky şöhratlandyrarys. «Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris, ýöne şol wagt ýüzbe-ýüz göreris. Häzir men bölekleýin bilýärin, ýöne şol wagt öz bilinişim ýaly bilerin» (1 Korintoslylar 13:12). Beýik resul Pawlus özüniň güýçli aňy we ylhamlary bilen şeýle diýipdi; eger ol şeýle diýen bolsa, onda bu sözler bize nähili derejede degişli bolýandyr? Men Simun Petrusyň öz hatynda Isanyň ölümi hakynda ýazanlary bilen çäklenjekdirin. Men bilgeşleýin onuň hatlaryna ýüzlenýärin. Munuň üçin mende üç sebäp bar. Birinjisi, Petrus üç resullaryň içki, ýakyn toparynyň agzalarynyň biridi — Petrus, Ýakup we Ýahýa berk üçlügi düzýärdiler we bu üçlere beýleki resullara seredeniňde, kän artykmaçlyklar berlipdi: olar Isa bilen has ýakyn dostlukly gatnaşykda boldular. Şonuň üçin hem Petrus beýlekiler ýaly Isanyň Öz ölümi hakynda näme oýlanyp, näme diýendigini anyk bilýärdi. Onuň birinji hatynda biz onuň Rebbiniň taglymatlary hakyndaky ýatlamalaryň birnäçesini anyk görüp we okap bilýändiris. Ikinjiden, men Petrusyň hatlaryna ynam bilen ýüzlenýärin, sebäbi onuň özi hem başda Isanyň ejir çekmekliginiň wajypdygyny höwessizlik bilen kabul edipdi. Ol ilkinji bolup Isanyň şahsyýetiniň täsindigini boýun aldy, emma şeýle-de ol Onuň ölüminiň gerekdigini hem terk edenleriň ilkinjisidi. «Sen Mesihsiň» diýip yglan eden bu Petrus, Isanyň Özüniň ejir çekmelidigi hakynda aýdyp başlanynda, bu şägirt: «Ýok, Rebbim!» diýip gygyrypdy. Isanyň şondan soňky hyzmatlarynyň her gününde, Petrus Onuň ölmelidigi baradaky pikirine göni duşmançylygy saklapdy. Ol Isany bagda goramaklyga synanyşypdy, haçanda Ony tutanlarynda bolsa, ol aralykda durup, Onuň yzyna eýeripdi. Tümlük aralaşanynda bolsa, ol Ony üç gezek ret edipdi, onuň gözýaşlary bolsa diňe bir toba etmeklik gözýaşlary bolman, eýsem lapykeçligiň hem gözýaşlarydy. Diňe ölülerden direlişiň bolup geçeninden soň, Isanyň: «Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?» diýip, öz şägirtlerini Ýazgylardan öwredeninden soň, Simun Petrus ahyry düşünip we ynanyp başlady. Birnäçe hepdeden soň ol hakykaty şeýle bir berk tutýardy welin, ybadathana gelen märekä şeýle sözler bilen ýüzlenip bilýärdi: «Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi» (Resullaryň işleri 3:18). Onuň birinji haty bolsa «Mesihiň görgüleri we şöhraty» hakynda birnäçe ýatlamalary öz içinde saklaýandyr. Belki-de, biz ilki bilen haçyň wajypdygyny islegsizlik bilen kabul edýändiris we onuň manysyna bada-bat düşünýän däldiris, emma kimdir biri bize muny düşündirip bilýän hem bolsa, onda bu hökman Simun Petrusdyr. Üçünjiden, özüniň birinji hatynda Petrus haç hakynda diňe ýatlap geçýär. Emma eger ol Isanyň ölüminiň wajypdygyny subut etmeklik maksady bilen bilegärä subutnamalar getiren bolsady, onda biz bu ýerde bir zatlaryň oňat däldiginde şübhe dörederdik. Ol öz okyjylaryny mesihi durmuşyny yzygiderlilikde alyp baryp, görgüleri sabyrlylyk bilen başlaryndan geçirmeklige çagyrýar, soňra bolsa olary ruhlandyrmaklyk üçin haç hakynda ýatlaýar. Mesih görgi görüp, bize nusga galdyrdy Bu hatyň arkasynda yzarlanmalar durandyr. Imperator Neronyň mesihilere duşmançylykly gatnaşyk edendigi mälimdir we ençeme mesihileriň ýürekleri bu gorka çydap bilmedi. Bireýýäm zorlugyň birnäçe hüjümi bolup geçipdi. Edil elhenç günler gelýän ýalydy. Petrusyň berýän maslahaty gaty göni (1 Petrus 2:18-25). Eger özge milletli bolan hojaýynlar özleriniň mesihi-gullaryna erbet daraşýan bolsalar, onda munuň gazanylmadyk jezadygy hakynda gullara ýatlatmak gerekdir. Ýalňyşlyklar üçin temmi olara abraý getirýän däldir. Goý, iň oňady — olar dogrulyk üçin ejir çekip, Mesihiň ady üçin ýazgarmalary şatlyk bilen kabul etsinler. Olar garşylyk görkezmeli däldirler, ar almaklyk hakynda bolsa gürrüň hem ýokdur. Olar boýun bolmalydyrlar. Adalatly bolmadyk görgini başdan geçirmekligi Hudaý goldady. Şu ýerde Petrusyň pikirleri haça tarap uçýar. Gazanylmadyk görgüler — bu mesihi durmuşyň bir bölegidir diýip, ol tassyklaýar, çünki «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy». Ol günäsiz we ýazyksyzdy. Muňa garamazdan, Ony masgaralanlarynda, Ol ar almady; görgülerinde Ol gorkuzmady. Ol ýöne Özüni bagyş etdi ýa-da Ýazgynyň aýdyşy ýaly, Özüne ejir çekdirýänleri bütin adamzadyň adalatly Kazysynyň eline tabşyrdy. Mesih bize nusga galdyrdy. Petrusyň şu ýerde ulanan grek sözi Injilde ýekeje gezek ulanylan we ol mugallymyň harplary kämil edip ýazan depderine okuwçynyň seredip, ýazmaklygy öwrenýändigini aňladýandyr. Şonuň üçin hem eger biz mesihi söýgüsiniň harplygyny ýazmaklygy öwrenjek bolsak, onda biz öz durmuşymyzy Isanyň keşbinde alyp barmalydyrys. Biz «Onuň yzlaryndan ýöremelidiris!» Bu işlik Petrusyň syýasynyň aşagynda gaty çeperdir. Petrus Isanyň yzyna eýerip, türmelere we ölüme-de gitjekdigini aýdypdy, hakykatda bolsa «gaty daşlaşdy». Diňe Jelile deňziniň kenarynda Isa ýene-de Petrusa tanyş bolan sözler bilen ony çagyrdy: «Meniň yzyma düş!» Şeýlelikde, Petrus öz okyjylaryny özi bilen bilelikde gitmeklige, ondan hem gulak asyjylyk bilen Rebbiň yzy bilen gitmeklige çagyrdy. Ýigriminji asyrda hem haç bize çakylyk atýandyr we özümizi oňaýsyz duýmaklyga mejbur edýändir. Ol häzir hem öňküsi ýaly wajypdyr. Biziň tebigy duýgularymyz üçin adalatsyz görgüleri başdan geçirmeklige we ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmeklige bolan buýrukdan başga gaty gapma-garşylykly zat bolmasa gerek. Näme bolsa-da, haç bizi ýenjilmeleri kabul etmeklige, öz duşmanlarymyzy söýmeklige we soňky sözi Hudaýyň aýtmaklygyna rugsat bermeklige çagyrýandyr. Ýöne Isanyň ölümi — bu ruhlandyryjy mysaldan hem uly zatdyr. Eger bu şeýle bolmasady, onda Hoş Habarlaryň gürrüňlerindäkileriň köpüsini düşündirip bolmazdy. Mysal üçin, Onuň Öz janyny köpleriň aklanmaklary üçin berip, ganyny dökjekdigi, ýagny Onuň «Äht gany» diýip atlandyranynyň günäleriň ötülmegi üçindigi (Markus 10:45; Matta 26:28). Ýöne nusgada günäleriň ýuwulmagy ýokdur. Adaty bir mysal günäleriň bagyşlanmagyny wada berip bilýän däldir. Şeýle-de, näme üçin haçyň ýakynlap gelýändigi baradaky şeýle agyr we güýçden gaçyrýan duýgular bilen Onuň ýüküni agyrlatdylar? Bagdaky bu elhenç pursady, Onuň gözýaşlaryny we ahy-nalasyny, Onuň gan damjalaryny nädip düşündirmeli? «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» (Matta 26:39) we ýene-de: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» (Matta 26:42). Onuň gorkýan bu käsesi haçdaky ölümiň nyşanymydy? Şonda Ol agyrydan we ölümden gorkupmydy? Eger bu şeýle bolsa, onda Onuň mysaly bizi sabyrlylyga we boýun bolmaklyga öwredýändir, emma muny gorkmazlygyň mysaly diýip hiç-de aýdyp bolýan däldir. Platonyň aýtmagyna görä, Afinydaky türmede Sokrat özüniň käsesini «taýynlyk we hüşgärlik bilen» içipdir. Bu näme diýmeklikdir — Sokrat Isadan hem edermen bolupdyrmy? Ýa-da olaryň käseleri dürli zäherler bilen doldurylandymy? Garaňkylyk we terk edilen Isanyň sesi, ybadathanadaky Mukaddesleriň Mukaddesine girilýän girelgedäki perdäniň ýokarlygyndan aşagyna çenli ikä bölünmegi nämäni aňladýarka? Eger Isa bize diňe mysal ýa-da nusga galdyrmaklyk üçin ölen bolsa, onda bularyň baryny düşündirip bolýan däldir. Dogrudanam, köp zatlar bu mysaly kän bir mysal derejesine ýetirýän däldir. Emma eger Mesihiň ölümi bary-ýogy mysal bolýan bolsa, onda diňe bir Injil syrly bolup galmazdy. Biziň adamzat mätäçligimiz kanagatlanma eýe bolup bilmezdi. Bize mysaldan hem uly zat gerekdir: bize Halasgär gerek. Mysal göz öňüne getirmeleri ynjalyksyzlandyrýandyr, bizde matsatnamalary otlaýandyr we çözgütliligi berkedýändir, emma bizi geçmişdäki günälerimiziň hapalaryndan arassalap bilýän däldir, ynjalýan ynsaba rahatlyk getirýän däldir we bizi Hudaý bilen ýaraşdyrýan däldir. Her dürli bolanynda-da, resullar bu hakda biziň üçin hiç hili şübhe galdyrýan däldirler. Olar elmydam Mesihiň gelmekligini we Onuň ölümini biziň günälerimiz bilen bagly edýärler. «Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi». 1 Korintoslylar 15:3 «Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi». 1 Petrus 3:18 «Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz». 1 Ýahýa 3:5 Ine, bular — Pawlus, Petrus we Ýahýa, biragyzdan Isanyň ölümini biziň günälerimiz bilen birleşdirýän Täze Ähtiň beýik resullarydyrlar. Mesih bizň günälerimizi Öz bedeninde äkidip öldi Ine, Petrus Mesihiň ölümi bilen biziň günälerimiziň arasyndaky gatnaşygy beýan edip, öz hatynda şeýle diýýär: «Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi» (1 Petrus 2:24). «Günäleri äkitmek» diýeni biziň üçin adaty däl bolup eşidilýändir we oňa düşünmeklik üçin, biz Köne Ähte ýüz tutmalydyrys. Bu pikir Lewiler we Sanlar kitabynda kän duş gelýändir we kim-de kim Hudaýyň bize beren kanunlarynyň birini bozaýsa, onda ol öz jezasyny çekmelidigi ýa-da öz günälerini özüniň äkitmegi hakynda aýdylýar. Mysal üçin, «Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir» (Lewiler 5:17). Bu diýmeklik, diňe bir zady aňladyp bilýändir: «günäleri äkitmek» — bu günäniň netijesinden ejir çekmekligi, onuň jezasyny çekmekligi aňladýandyr. Emma käwagtlar bolsa kimbir başga biriniň günäkär üçin jogapkärçiligi öz üstüne almagy hem göz öňünde tutýandyr. Antyň hakykylygy hakynda gürrüň berýän Sanlar kitabynyň 30-njy babynda Musa şeýle düşündirýär, ýagny erkek adam ýa-da dul galan aýal tarapyndan içilen ant hökman berjaý bolmalydyr. Ýöne äre çykmadyk gyzyň ýa-da ärli aýalyň içen antlary onuň kakasy ýa-da äri tarapyndan tassyklanylmalydyr. Eger äri aýalynyň ant içýändigini eşidibem, sesini çykarmasa we soňunda bolsa bu antyň samsyk ýa-da ýerliksizdigi mälim bolsa, onda äri bu günäni öz üstüne alar diýlip ýazylandyr. Ýene bir mysala biz Ýeremeýanyň Agysy kitabynyň soňunda duş gelýäris. Şol ýerde Iýerusalimiň dargadylanyndan soň ysraýyllylar aglap, şeýle diýýärler: «Atalarymyz günä etdiler, olar indi ýok; olaryň ýazyklaryny biz çekýäris» (5:7). Biziň günälerimiz üçin kimdir bagşa biriniň jogapkärçiligi alyp, onuň jezasyny öz üstüne alýandygynyň mümkindigi biziň üçin şu gün geň bolup görünýär, emma Musanyň kanuny boýunça talap edilýän Köne Ähtdäki ganly gurbanlyk getirmelerde hem görünýändir. Günä üçin berilmeli gurbanlyk hakynda aýdylandyr. Ine, bu gurbanlyk hakynda şeýle diýlendir: «Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn» (Lewiler 10:17). Şuňa meňzeşlikde, her ýyl Tämizlenme Güni Harun erkejiň kellesiniň üstüne ellerini goýmalydy we şeýle etmeklik bilen, ol özüni we öz halkyny şol erkeç bilen birleşdirýärdi; onsoň Harun halkyň günälerini boýun alyp, olary erkejiň üstüne geçirýändigini görkezmelidi we onsoň ol erkeji çöle kowmalydylar. Ine, onsoň biz şeýle sözleri okaýarys: «Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider». Bu ýerden kimdir biriniň günäsini äkitmek diýmeklik — günä edeni çalşyp, günäniň jezasyny onuň deregine çekmekligi aňladýandyr. Emma bu wagtlaýyn täsin azat bolmaklyga seretmezden, biz Ýewreýlere ýazylan hatda şulary okaýandyrys: «Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir» (Ýewreýler 10:4). Şeýlelikde, Işaýanyň kitabyndaky (53-nji bap) Guluň iň uzyn aýdymynda bigünä (Mesihi aňladýan) ejir çekiji gurbanlygy aýratyn belleýän sözler bilen beýan edilendir. Ol edil «damagyny çalmaga äkidilip barylýan guzy kimindi», çünki Ol «agzyny açmady» we çünki «Reb bolsa ählimiziň günäsini Onuň üstüne ýükledi», diýmek, Onuň jany «günä üçin gurban» boldy. «Ählimiz goýun kimin azaşypdyk», emma Ol hem edil goýun kimin «biziň jenaýatlarymyzdan ötri ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan öte ejir çekipdi; parahatlygymyzyň jezasy Onuň başyna geldi; Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk». Şeýlelik bilen, bu ýerde biz çalyşmaklyk pikirini, ýagny biriniň günäsini beýleki biriniň öz üstüne almaklyk pikirini aýdyň görýäris. Ahyrynda ençeme asyrlardan soň taýyn bolan Isa Mesih geleninde, Ýahýa suwa çümdüriji Ony adaty bolmadyk sözler bilen garşylady: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr». Hut şeýle ýagdaýda Täze Ähtiň kitaplary ýazylanda, olaryň ýazarlary Isanyň ölüminde Köne Ähtiň ähli gurbanlyklarynyň doly ýerine ýetendigini hiç bir şübhesizlik bilen boýun alýarlar. Bu hakykat Ýewreýlere ýazylan hatyň iň wajyp bölegidir. Köne gurbanlyklar gölelerden we erkeçlerden ybaratdy; Mesih Özüni gurban etdi. Köne gurbanlyklar tükeniksiz gaýtalanýardylar; Mesih bir gezek hemmeler üçin öldi. «Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi». Soňky sözlem bizi Petrusyň beýannamasyna dolandyryp getirýändir: «Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi». Hudaýyň Ogly Özüni adamlaryň günälerine deňeşdirdi. Ol biziň tebigatymyzy ýöne bir Öz üstüne almady; Ol Öz üstüne biziň jenaýatlyklarymyzy aldy. Ol diňe Merýemiň garnyndaky tene öwrülmän, eýsem Golgotadaky haçda günä-de öwrüldi. Bu soňky sözler resul Pawlusa degişlidir. Bu sözler Mukaddes Kitabyň günäniň ýuwulmagy hakyndaky iň täsin taglymatlarynyň biridir. Olaryň ähmiýetliligine üns bermän bolýan däldir. Öňki aýatlarda (2 Korintoslylar 5) Pawlus Hudaýyň bizi günälerimizde aýyplamaklykdan elini çekendigi hakynda aýdýar. Ýagny, Özüniň biz tarapdan gazanylmadyk söýgüsinde Ol biziň öz günälerimiz üçin jogap bermegimizi islemedi. Ol biz hakda Köne Ähtde diýlişi ýaly aýdylmaga rugsat bermedi: «Olar özleriniň jenaýatlyklaryny çekerler». Ol näme etdi? «Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi». Isa Mesihiň Öz günäleri ýokdy; Ol haçda biziň günälerimiz üçin günä öwrüldi. Haçanda biz haça seredenimizde, bu sözleriň neneň elhenç mana eýediklerine şonda düşünip başlaýandyrys. Günortan «bütin ýurda garaňky düşdi» we tä Isanyň ölenine çenli, ol üç sagatlap aýrylmandy. Garaňkylyk bilen ümsümlik geldi, çünki günäsiz bolan Guzynyň janynyň şol wagtdaky ýagdaýyny hiç bir göz görmeli däldi we hiç agyz hem aýdyp bilmändi. Adamzadyň bütin taryhyndan ýygnalan günäleriň bary Onuň üstüne ýüklenendi. Ol olaryň baryny Öz teninde meýletin göterdi. Ol ol günäleriň baryny Özüniňki etdi. Ol Öz eginlerinde şol günäleriň bary üçin doly jogapkärçiligi saklaýardy. Şonda ýekelikde, ruhy taýdan terk edilmeklikde Onuň agzyndan ses çykdy: «Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» Bu 22-nji mezmuryň birinji aýadydy. Elbetde, Ol Özüniň şol ölüm halynda mezmurdaky Mesihiň görgüleri we şöhtary hakynda oýlanandygy şübhesizdir. Emma näme üçin Ol bu aýady aýtdyka? Näme üçin Ol ýeňiş baradaky aýatlaryň birini aýtman, hut şu aýady aýtdy? Näme üçin «Hudaýdan gorkýanlar! Ony şöhratlandyryň!» ýa-da «Şalyk Hudaýyňkydyr» diýmedi? Bu adamyň gowşaklygynyň ýa-da lapykeçliginiň sesi, ýa-da Hudaýyň Ogly Özüniň öňden görüjiligine erk berdi diýip oýlanmak mümkinmi? Ýok. Bu sözlere olaryň doly manylarynda seretmelidiris. Isa bu aýady edil Ýazgynyň beýleki ähli aýatlaryny aýdyşy ýaly aýtdy, çünki olary Özüniň ýerine ýetirýändigine ynanýardy. Ol Öz arkasynda biziň günälerimizi göterýärdi. Gözleri ýamanlygy görerden päk bolan we azgynlyga seredip bilmeýän Hudaý Ondan ýüz öwürdi (Habakuk 1:13 seret). Biziň günälerimiz Ata bilen Ogluň arasynda durdy. Bakyýetden bäri Atasy bilen bile bolan we ýerdäki durmuşynda-da Onuň bilen gatnaşygyny üzmedik Reb Isa Mesih bir wagtyň özünde terk edildi. Biziň günälerimiz Mesihi döwzaha iberdi. Ol Hudaýdan jyda düşen janyň gynanjyny datdy. Ol Öz üstüne biziň günälerimizi alyp, biziň ölümimiz bilen öldi. Biz öz günälerimiz bilen Hudaýdan aýrylmaklyk jezasyny gananypdyk, emma biziň ýerimize Mesih şu Hudaýdan aýralygy başyndan geçirdi. Soňra bu içki garaňkylykdan çykan badyna, ýeňiş bilen şeýle seslendi: «Amala aşdy!» we ahyrynda: «Atam! Öz Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýip, Ol jan berdi. Onuň ýere gelip ýerine ýetirmeli işi doly tamamlandy. Onuň eýelemeli bolan halas bolmaklygy eýelenipdi. Dünýäniň günäleri ýuwlandy. Halasgäre ynanyp, Isany öz Halasgäri hökmünde kabul edýänleriň her biri üçin Hudaý bilen ýaraşmaklyk elýeter boldy. Bu hakykaty hemmelere görkezjek bolýan ýaly edip, Hudaýyň görünmeýän eli haýallyk etmän, Ybadathanadaky perdäni ikä bölüp, aýryp taşlady. Indi bu perde gerek däldi. Mundan beýläk mukaddes Hudaýa bolan ýolda hiç hili böwet ýokdur. Mesih «ähli ynanýanlar üçin Göklere bolan derwezeleri açdy». Özüniň biderek ýere ölmändigini subut etmeklik üçin, Ol otuz alty sagatdan soň direldilipdi. Hudaýyň Oglunyň biziň günälerimizi Öz üstünde çekeni baradaky bu ýönekeý we täsin taryh şu wagt geň galary ýagdaýda ýörgünli däldir. Günäleri we olar üçin jezany Isanyň Öz üstüne almalydygyny ahlaksyzlyk, adalatsyzlyk we bidereklik diýip atlandyrýarlar. Elbetde, bularyň baryny aňsatlyk bilen ýaňsa almak mümkindir. Bu diýmeklik — biziň mundan başga edere işimiziň ýokdugyny aňladýandygy däldir. Elbetde, biz Petrusyň aýdyşy ýaly, günä üçin ölüp, dogrulyk üçin ýaşap, «janymyzyň Çopany we Halasgärine» dolanyp gelmelidiris. Şeýle-de, biz «bularyň barynyň Hudaýdandygyny», Onuň täsin rehimdarlygyndan çykýandygyny ýadymyzdan çykarýan däldiris. Isa Mesih hakynda, edil bizi halas etmek islemeýän Hudaýdan biziň üçin halas bolmaklygy kakyp alýan üçünji şahsyýet hakynda pikir etmeli däldiris. Ähli zady Hudaýyň Özi başlapdy. «Hudaý dünýäni Özi bilen birleşdirýän Mesihdedi». Hudaýyň Isany biziň üçin günä edeninde, nädip Onuň Mesihde bolandygyny men anyk düşündirip bilmeýärin, emma şol bir resul bu pikirleriň ikisini-de bir aýatda tassyklaýandyr. Biz edil Nasyraly Isanyň hem Hudaý, hem-de adam, şol bir wagtyň özünde bir şahsyýet bolşy hakyndaky düşünjäni kabul edişimiz kimin, bu geňligi hem kabul etmelidiris. Eger Onuň şahsyýetinde geňlik bar bolsa, onda Onuň işlerinde hem geňligiň bardygyna haýran galasy zat däldir. Emma hatda eger biz geň galmany çözüp bilmesek ýa-da syrly zada düşünip hem bilmeýän bolsak, biziň günälerimizi Öz üstüne aldy diýip aýdan Isanyň Özüniň we resullaryň tassyklamalaryna ynanmalydyrys. Şeýle-de, biz muňa Mukaddes Kitapdaky manysynda, ýagny Isanyň biziň deregimizde günäler üçin jezalandyrylandygyna düşünmelidiris. Petrusyň hut şuny göz öňünde tutandygy üç pikirden aýdyň görünýändir. Birinjiden, ol Mesihiň biziň günälerimizi «haçda» Öz üstüne alandygy hakynda aýdýar. Resullaryň Işleri kitabynda ýazylan özüniň ilkinji wagyzlarynda onuň şu sözi bilegörä ulanandygyna hiç hili şübhe ýokdur; mysal üçin, ol şeýle diýipdi: «Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň agaçdan asyp öldüren Isaňyzy direltdi» (Resullaryň işleri 5:30). Onuň okyjylary bolan ýewreýler Petrusyň Kanun taglymaty kitabynyň 21-nji babyndaky: «agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir» diýen aýady göz öňünde tutandygyny bilýärdiler. Isanyň durmuşynyň «agaçda» gutarandygynyň hakykaty (çünki ýewreýler haça çüýlemegi agaçdan asylana deňeşdirýärdiler), Onda Hudaýyň näletiniň bardygyny aňladýardy. Bu pikiri ret etmekligiň deregine, resullar ony kabul etdiler, Pawlus bolsa özüniň Galatýalylara ýazan hatynyň üçünji babynda muny düşündirip geçýär. Ol: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip, Kanun taglymaty kitabynda ýazylandygyny ýatlap geçýär. Emma munuň yzysüre ol şeýle diýýär: «Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: „Dar agaçdan asylan kişi lagnatlydyr“ diýip ýazylgydyr». Bu aýatlaryň manysy gürrüňi edilýän bölekde aýdyň we gaty wajypdyr. Ol şeýledir: jenaýatçylaryň eginlerindäki bozulan kanunyň adalatly lagnaty haçda Isanyň egnine geçirilipdi. Ol bu lagnaty Öz üstüne alyp, ölümi bilen bizi bu lagnatdan azat etdi. Ikinjiden, Petrusyň birinji hatyndaky bu bölek Işaýanyň 53-nji baby bilen azyndan bäş sany aýdyň görkezilen baglanyşygy öz içinde saklaýandyr. Bu babyň bigünä ejir çekijini suratlandyrýandygyny görüpdik. Bu bigünä ejir çekiji Özüniň gurbanlyk ölümde beýlekileriň jenaýatlyklary üçin şikeslenipdi. Elbetde, Isanyň Özi hem Özüniň yzyna eýerejiler ýaly, Özüniň işini we ölümini şu babyň esasynda düşünýärdi. Mysal üçin, Hebeşistanly agta öz arabasynda oturyp, özüniň okaýan böleginde pygamberiň kim hakynda aýdýandygyny hoş habarçy Filipusdan soranynda, ol haýallyk etmän Isa hakynda oňa gürrüň berdi. Üçünjiden, Petrusyň ikinji babyndaky sözlerine dogry düşünendigimizi tassyklaýan haç hakyndaky beýleki ýatlamalar onuň hatynda ýene-de duş gelýändir. Ine, ol öz okyjylaryny nähili beýan edýär: «Ata-babadan galan biderek ýaşaýşyňyzdan altyn ýa kümüş ýaly pany zatlar bilen däl-de, eýsem, müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň» (1 Petrus 1:18-19). Şu babyň ikinji aýatynda bolsa hatda «Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan» diýip hem goşýar. (1 Petrus 1:2). Bu iki bölekler bizi Çykyş döwürlerindäki başdaky pesah gurbanlygyna degişli edýändir. Her bir ýewreý maşgala guzyny alyp, ony öldüripdiler we onuň gany bilen gapylarynyň sag we çep söýelerini çalypdylar. Diňe şeýdip olar Hudaýyň höküminden halas boldular we diňe şeýdip olar müsür gulçulygyndan gaçyp bildiler. Petrus batyrgaýlyk bilen Pesah baýramynyň nyşanlaryny Mesihe degişli edýär (resul Pawlus hem hut şeýle edýär: «Biziň pesah Guzymyz bolan Mesih gurban edildi»). Bizi Hudaýyň höküminden we günäniň ýükünden azat etmeklik üçin Onuň gany döküldi. Eger biz ondan peýda almak isleýän bolsak, onda bu gan biziň ýüreklerimize sepelenmelidir, diýmek, her bir kişä şahsy taýda dökülmelidir. Haç barada ýene bir wajyp ýatlamany biz 1 Petrus 1:18-de görýäris: «Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi». Günä bizi Hudaýdan aýyrdy; emma Mesih bizi Hudaýyň ýanyna eltmekligi isledi, şonuň üçin hem Ol biziň günälerimiz üçin ejir çekdi. Ol ýazykly günäkärler üçin ölýän bigünä Halasgärdir. Ol muny «bir gezek» etdi we munuň gaýtalanmazlygy, oňatlaşmazlygy ýa-da doldurylmazlygy üçin Ol muny gaty çözgütli etdi. Bu ýerde biz içki gizlin manyny sypdyrmaly däldiris. Bu diýmeklik, hiç hili däpleri din boýunça ýerine ýetirmekligiň ýa-da oňat işleriň biziň üçin bagyşlanmany gazanyp bilmeýändigini aňladýandyr. Muňa garamazdan, mesihilikden soňky Günbatarda köpler mesihilige gülki bilen seretmeklik bilen gyzyklandylar. Olaryň mesihi hoş habary bilen gündogar dinleriniň arasyndaky esasy tapawudy görüp bilmeýändikleri düşnüklidir, çünki olar her dini adamzat mertebesiniň sistemasy diýip hasaplaýarlar. «Öz-özüne kömek edýänlere Hudaý kömek edýändir» diýip, olar aýdýarlar. Emma bu pikiri Mesihiň haçy babatda ulanmaklyk mümkin däldir. Ýekeje ýönekeý sebäbe görä, ýagny öz günälerimizi özümiziň ýuwup bilmeýändigimiz üçin Mesih Öz ölümi bilen muny biziň üçin etdi. Eger biziň özümiz muny başaryp bilsedik, onda Onuň günäleri ýuwujy ölümi gerek bolmazdy. Iş ýüzünde, biz özümiziň hususy güýjümiz bilen Hudaýyň rehimdarlygyny gazanyp bileris diýip tassyklamak — Isa Mesihi masgaralamaklygy aňladýandyr. Çünki bu biziň Onsuz hem oňup bileris we Onuň ölmekligi hiç-de gerek däldi diýmekligimizi aňladýandyr. Resul Pawlus bu hakda şeýle ýazýar: «…aklanma (ýagny, Hudaýyň bizi kabul etmekligi) kanun (ýagny, gulak asmaklyk) arkaly gazanylýan bolsa, onda Mesih biderek ýere ölendir» (Galatýalylar 2:21). Haçyň ýüzlenmesi edil resul Pawlusyň günlerindäkisi ýaly, biziň günlerimizde hem akyldarlar üçin samsyklyk we özlerini özleri aklamaga synanyşýanlar üçin bolsa büdreme daşy bolmaklygyna galýandyr. Ýöne muňa garamazdan, ol millionlarça adamlaryň ynsaplaryna rahatlygy getirdi. Bu hakda Ybadathananyň baş ruhanysy bolan Riçard Huker özüniň 1585-nji ýyldaky wagzynda şeýle ýazypdy: «Goý, muny samsyklyk, akylsyzlyk, gazaplyk ýa-da ýene başga zatlar diýip hasap edibersinler. Bu — biziň akyldarlygymyz we biziň tesellimizdir; adamyň günä edendigi we Hudaýyň bolsa ejir çekendiginden başga dünýäde bize hiç hili hem many gerek däldir; ýagny Hudaý Özüni adamzadyň günäsine öwürdi we adamlar Hudaýyň dogrulygy edildiler». Her bir mesihi bu sözleri gaýtalap bilýändir. Şypa Onuň ýaralary arkaly geldi, ýaşaýyş — Onuň ölümi arkaly, bagyşlanma — Onuň agyrylary arkaly, halas bolma — Onuň ejirleri arkaly geldi. 8. Mesihiň getiren halas bolmasy «Halas bolma» — gaty giň göwrümli sözdür. Ony ýöne «bagyşlama» sözüniň sinonimi diýip hasaplamak uly ýalňyşlyk bolardy. Hudaý biziň geçmişimize bolşy ýaly, biziň häzirimize we geljegimize hem biperwaý seredýän däldir. Onuň meýilnamasyna, birinjiden, bizi Özi bilen ýaraşdyrmak, soňra bolsa bizi özümize üns bermeklikden azat edip, özümiz bilen beýleki adamlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmaklyk girýändir. Özümiziň bagyşlanmagymyz we ýaraşylmagymyz üçin ilki bilen Mesihiň ölümine borçludyrys, emma diňe Onuň Ruhy bilen biz özümizden azat bolup bilýändiris we diňe Onuň ýygnagynda biz söýgi gatnaşygynda birleşip bilýändiris. Ine, Mesihiň halas etmesiniň şeýle taraplaryna biz seretmelidiris. Mesihiň Ruhy Bireýýäm görşümiz ýaly, biziň günälerimize bir-biri bilen baglanyşykly bolmadyk ýagdaýlaryň toplumy ýaly däl-de, içki ahlak keseli hökmünde seretmelidiris. Muny oňat suratlandyrmaklyk maksady bilen Isa birnäçe gezek agaç bilen onuň miweleri deňeşdirmesini getirdi. Ol miwäniň nähili boljakdygy onuň nähili agaçda ösýändigine baglydygyny aýtdy. «Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez» (Matta 7:17, 18). Şeýlelik bilen, biziň günälerimiziň sebäbi — bu bozulan we biziň özümize gönükdirilen, biziň miras alan tebigatymyzdyr, biziň günämizdir. Bu hakda Isanyň aýdyşy ýaly, biziň günälerimiz içden, «ýürekden» gelýändir. Şonuň üçin hem özüňi alyp barmaklygyň her bir üýtgemesi tebigatyň üýtgemegine baglydyr. «Agajy oňat et, — diýip, Isa aýdypdy, — we onuň miwesi-de oňat bolar». Emma adamzadyň tebigatyny üýtgedip bolarmy? Hüňürdegen adamy ýuwaş adama öwrüp bolarmy? Ýa-da tekepbiri kiçigöwünlä, diňe özüni söýýäni rehimdara öwrüp bolarmy? Şeýle täsinlikleriň bolup biljekdigini Mukaddes Kitap berk yglan edýändir. Bu — Injiliň şöhratynyň bir bölegidir. Isa Mesih biziň diňe bir Hudaýyň öňündäki ýagdaýymyzy üýtgetmekligi teklip etmän, eýsem biziň tebigatymyzy hem bütinleý üýtgetmek isleýändir. Ol Nikodimosa hökman täzeden dogulmaklygyň wajyplygy hakynda aýdypdy we Onuň sözleri henizem biziň üçin dogrudyr: «…Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez… Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma» (Ýahýa 3 seret). Pawlusyň tassyklamasy käbir manyda hatda düşünmeklik üçin kynrakdyr, çünki ol ýekeje-de işlik bolmadyk sözlemi aýdýar: «Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr» (2 Korintoslylar 5:17)[4]. Diýmek, bu ýerde Täze Ähtiň aýdýan mümkinçiligi, ýagny täze ýürek, täze tebigat, täzeden dogluş, täze mahluk jemlenendir. Ullakan içki üýtgemeler — bu Mukaddes Ruhuň işidir. Täzeden dogulyş — bu «ýokardan» dogulmaklykdur. Täzeden dogulmaklyk — diýmek «Ruhdan dogulmaklykdyr». Şu ýerde Üçbirlik[5] hakyndaky syrly taglymat hakynda gürrüňe başlamagyň geregi ýokmuka öýdýärin. Biziň maksadymyz üçin resullaryň wagyzlarynyň özleriniň başlaryndan geçirenlerinden ybarat bolanyndaky olaryň Mukaddes Ruh hakynda ýazanlaryna seretmeklik ýeterlidir. Ýöne ilki bilen Mukaddes Ruhuň özüniň bardygyny ýa-da işini diňe Ellinji Günde başlamandygyna aň ýetirmeklik wajypdyr. Ol — Hudaý. Şonuň üçin hem Ol baky we dörediliş pursadyndan başlap, Ol dünýäde hereket edýärdi. Köne Äht Ol hakda kän aýdypdy we pygamberler Onuň işiniň giňelmegine, Hudaýyň Öz Mukaddes Ruhuny Öz halkyna berip, şeýlelik bilen Öz kanunyny ýerine ýetirip bilmeklik mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşypdylar. Köne Ähtiň pygamberleriniň öňünden aýdanlaryny Mesih tiz geljekde wada beripdi. Ölümden birnäçe sagat öň, Isa Öz resullary bilen bir kiçijik otagda ýeke bolup, Göwünlik beriji «hakykat Ruhy» hakynda gürrüň beripdi. Bu Ruh gelip, Isanyň ornuny eýelemelidi. Dogrudanam, resullar üçin Mukaddes Ruhuň bolmaklygy Isanyň ýerdäki Özüniň bolmaklygyndan hem oňatdyr: «Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin» (Ýahýa 16:7). Esasy artykmaçlyk şeýledi: Mesih olaryň ýanlaryndady, Mukaddes Ruh bolsa olarda bolar (Ýahýa 14:17 seret). Käbir kesgitli manyda biz Isanyň öwüt-ündew beriji hyzmatynyň şowuna düşmändigi hakynda aýdyp bilerdik. Birnäçe gezek Ol Öz şägirtlerini kiçigöwünli bolup, çagalar kimin bolmaklyga çagyrypdy, emma Simun Petrus gopbamsylygynda we özüne ynamlylygynda galdy. Ol şägirtleriniň bir-birlerini söýmeklikleri hakynda ýygy-ýygydan aýdardy, hatda Ýahýa özüniň «Gök gürrüldisiniň ogly» diýen lakamyny çyndan gazanan bolsa gerek. Ýöne muňa seretmezden, Petrusyň birinji hatyny okap, kiçigöwünlik hakyndaky ýatlama üns bermän bolýan däldir, Ýahýanyň hatlary bolsa söýgüden doludyr. Bu üýtgemeleri näme getirdikä? Mukaddes Ruh. Isa olary söýýän we kiçigöwünli bolmaklyga öwredipdi, emma bularyň hiç biri hem tä Mukaddes Ruhuň olara gelip, olary içden üýtgedip başlanyna deňeç peýda bolmandy. Ellinji güni «olaryň bary Mukaddes Ruhdan doldular» (Resullaryň Işleri 2:4 seret). Bu waka diňe resullar we beýleki beýik mukaddes adamlar üçin bolup geçendir diýip pikir etmäň. Ýöne şulara, ýagny güýçli ýele we «oduň ýalynlary kimin bölnen dillere» meňzeş daşky alamatlaryň gaýtalanmagyna biz garaşyp bilýän däldigimiz şübhesizdir. Mukaddes Ruhuň içde bolmaklygy — bu her bir mesihiniň özüniň ýokardan doglanyndan soňky eýe bolýan ruhy hukugydyr. Iş ýüzünde bolsa, eger Mukaddes Ruh bize gelen bolmasa, diýmek, biz onda hakyky mesihi däldiris. «Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir» diýip, resul Pawlus ýazýar (Rimliler 8:9-y Efesliler 5:18 bilen deňeşdir). Onda Täze Äht bizi, ine, nämä öwredýändir: haçanda biz özümizi Isa Mesihe ynanyp, oňa özümizi tabşyranymyzda, bize Mukaddes Ruh gelýändir. Ol Hudaý tarapyndan «biziň ýüreklerimize» iberilendir, Ol biziň tenlerimizi Özüniň ybadathanasy edýändir (Galatýalylar 4:6; 1 Korintoslylar 6:9). Bu diýmeklik — şu wagtdan başlap, indi biziň günäden azatdygymyzy aňladýan däldir. Tersine, käbir manyda gapma-garşylyk has-da güýjeýändir, emma beýleki tarapdan, biziň üçin ýeňiş ýoly açykdyr. Resul Pawlus özüniň Galatýalylara ýazan hatynyň 5-nji babynda bu söweşiň diri beýannamasyny edýändir. Söweşiň gatnaşyjylary — «ten», ýagny biziň miras alan özi hakynda alada ediji tebigatymyz we «Ruh». «Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr». Bu ýöne bir iş ýüzünde bolmadyk gury gepler däldir, bu — her bir mesihiniň günde duş gelýän hakykatydyr. Biz özümizi aşak çekýän günäli islegleri duýmaklygymyzy dowam etdirýändiris, emma indi biz özümizi ýokary, ýagny mukaddeslige çekýän garşydaş güýji hem bilýändiris. Eger «tene» azatlygy berseň, onda ol bizi döwüp, resul Pawlusyň 19–21-nji aýatlardaky ýatlap geçen ahlaksyzlygyň gür tokaýyna we höwesleriň günälerine taşlardy. Beýleki tarapdan bolsa, eger Mukaddes Ruha doly hereket etmeklik üçin rugsat berilse, onda munuň netijesi «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» bolýandyr. Bu özüneçekiji ýagşylyklary resul Pawlus «Ruhuň miweleri» diýip atlandyrýar. Adamzat häsiýeti Mukaddes Ruhuň işläp bejerýän bagyna meňzeşdir. Goý, Ol biziň agaçlarymyzy oňat etsin we şonda olaryň miweleri hem oňat bolar. Onda «Ruhuň miwesiniň» ösüp, bişmekligi üçin «teni» nädip jylawlamaly? Jogap biziň bu garşydaşlaryň her birine özleşdirýän içki gatnaşykdadyr. «Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir». «Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz». «Ten» baradaky gatnaşykda biz şeýle bir güýçli garşy durmaklyk gatnaşygyna eýe bolup, ony rehimsizlik bilen terk etmelidiris welin, goý, bu gatnyşy diňe «haça çüýlemek» bilen beýan edip bolsun. Emma içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruha bolsa biz öz durmuşymyzyň üstünden bolan ygtyýarlygy hiç bir şübhesiz tabşyrmalydyrys. Biz näçe teni terk edip, Ruha boýun bolmaklyga öwrenenimizçe, şonça-da teniň erbet işleriniň ýitip, olaryň ornuna Ruhuň ajaýyp miweleriniň gelýändigini görüp bilýändiris. Resul Pawlus hut şu hakykata 2 Korintoslylar 3:18-de öwredýändir: «Emma biziň hemmämiz perdesi aýrylan ýüz bilen Rebbiň şöhratyny görüp, şöhrat üstüne şöhrat bilen şol keşbe dönderilýändiris. Bu hem Ruh bolan Mesih tarapyndyr». Haçanda biz Mesihe gözümizi aýyrman seredinimizde, hut Mesihiň Ruhy bilen biz Onuň keşbine öwrülip bilýändiris. Şeýlelik bilen, toba etmeklikde, ynamda we tertip-düzgünde biziň özümiz hem kesgitli roly oýnaýandyrys, emma esasan, mukaddeslik — bu Mukaddes Ruhuň işidir. Uilýam Templ adatça bu pikiri şeýle suratlandyrýar: «Maňa «Gamlet» ýa-da «Şa Lir» ýaly pýesalaryny bermekligiň ýa-da şulara meňzeş bir zat ýazmagy menden haýyş etmekligiň geregi ýokdur. Şekspir muny ýazyp bilipdi, emma men başarmaýan. Şeýle-de, Isa Mesihiňki ýaly durmuşy maňa görkezip, şeýle durmuş bilen ýaşamaklygy buýurmaklygyň geregi ýokdur. Isa şeýle ýaşap bildi, men bolsa muny başarmaýaryn. Emma eger Şekspiriň ruhy maňa girip bilýän bolsady, onda onuňky ýaly ýaşap bilerdim. Bu — mesihi mukaddesliginiň syrydyr. Biz edil Isa kimin ýaşamaklyga çalyşmaly däldiris, Onuň Özi Öz Ruhy bilen bize gelip, bizde ýaşamalydyr. Onuň diňe mysalyny görmeklik ýeterli däldir; Ol bize edil Halasgär hökmünde gerekdir». Şeýlelik bilen, diňe Onuň günäleri ýuwujy ölümi arkaly biz günäniň jezasyndan azat bolup bilýändiris, diňe özümizde ýaşaýan Ruh arkaly biziň günälerimiziň ygtyýarlygy döwlüp bilýändir. Mesihiň ýygnagy Günä — bu merkezden daşlaşýan güýçdür. Ol bizi ýakynlarymyz bilen ylalaşykdan çekip çykarýandyr. Ol diňe bir Ýaradyjydan däl-de, eýsem özümize meňzeş bolan ýaradylyşdan hem daşlaşmagy getirýändir. Biziň her birimiz hem özümiziň hususy tejribemizden her bir jemgyýetiň, ýagny institutyň, keselhananyň, fabrikanyň ýa-da guramanyň göripçiligiň we duşmançylygyň özeni bolup bilýändigine oňat düşünýändiris. Biziň üçin «birlikde ýaşamaklyk» gaty kyndyr. Emma Hudaýyň bir islegi bardyr. Bu isleg — Onuň bizi bir-birimiz we Özi bilen ýaraşdyrmaklygydyr. Şonuň üçin hem Ol garaşsyz, bagly bolmadyk adamlary bir-birlerinden aýratynlykda halas edýän däldir. Ol Özüniň eýeçiligine halky çagyrýandyr. Bu Gelip Çykyş kitabynyň eýýäm birinji baplaryndan aýdyňdyr. Hudaý Ybraýymy çagyryp, onuň öz öýüni we garyndaşlaryny taşlamagy buýrupdy. Ol Ybraýyma miras ýer we asman ýyldyzlary, deňziň çägeleri kimin ummasyz nesil wada beripdi. Bu Hudaýyň Ybraýymyň neslini köpeltmeklik we ol arkaly dünýäniň ähli halklaryna pata bermeklik antydy. Bu ant Ybraýymyň ogly Yshak we agtygy Ýakup üçin hem gaýtalanypdy. Ýöne Ýakup Müsürde ýaşanynda dünýäden ötýär. Emma onuň on iki ogullary «Ysraýylyň» on iki tiresiniň atalary boldular. Bu «Ysraýyl» ady Ýakuba Hudaý tarapyndan berlipdi. Ençeme ýyllardan soň Müsür gulçulygyndan azat bolan şu «Ysraýylyň ogullary» bilen Hudaý Öz ähtini täzeledi. Emma nädip dünýäniň ähli halklary patalanmalydylar? Ýüzýyllyklar bir-birleriniň yzlaryndan geçip gitdiler, Ysraýylyň ykbaly ýaýbaňlanýardy, bu halk bolsa bütin dünýä üçin pata bolmaklygyň deregine, nälet ýaly bolup gelýärdi. Öz elleri bilen gurlan beýik diwarlary bilen Hudaýyň halky özlerini haramlaýan özge milletlerden goranýardy. Olar edil özleriniň bütin dünýä üçin pata bolmaklyk ykbalyna ýetip bilmejek ýalydylar. Onda näme, Hudaýyň Ybraýyma beren wadasy ýalanmyka? Ýok. Ençeme pygamberler Hudaýyň Sözi boýunça Onuň ýeke-täk mesh edeni geleninde, Hudaýyň Şalygyna girmeklik üçin dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylaryň geljekdiklerini bilýärdiler. Ahyrynda Isa geldi. Nasyraly Isa şunça wagtlap garaşylan şalygyň gelendigini yglan etdi. Ol köpleriň demirgazykdan, günortadan, günbatardan we gündogardan gelip, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen oturjakdyklaryny aýtdy. Hudaýyň halky aýratyn bir millet bolmaklygyny bes etdirip, agzalary her bir milletden, şalykdan we dilden ybarat bolan jemgyýet bolar: «Gidiň-de, — diýip, ölülerden direlen Reb Öz şägirtlerine buýruk berdi, — ähli halklary öwrediň». Ol Özüniň şägirtleriniň köplügini «Öz Ýygnagy» diýip atlandyrdy (Matta 28:19; 16:18 seret). Şeýlelikde, Hudaýyň Ybraýyma beren, ençeme gezek oňa gaýtalanan we onuň perzentleri üçin täzelenen anty şu gün dünýä Ýygnagynyň ösmeginde ýerine ýetýändir. Resul Pawlus şeýle ýazýar: «Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz» (Galatýalylar 3:29). Pawlusyň ynanýanlaryň Mesihdäki birligi hakynda gürrüň beren iň özüneçekiji mysallaryň biri — bu adamzadyň tenidir. Onuň aýtmagyna görä, Ýygnak — bu Mesihiň tenidir. Her bir mesihi — bu teniň agzasy ýa-da bir bölegidir, Mesihiň Özi bolsa — teniň işine ýolbaşçylyk edýän başydyr. Ähli agzalaryň hem işleri bir däldir, emma olaryň her biri oňat saglyk we uly peýda üçin wajypdyrlar. Şeýle-de, bütin ten umumy ýaşaýyş bilen janlandyrylandyr. Bu — Mukaddes Ruh. Hut Onuň bolmaklygy teni birleşdirýändir. Hut Oňa görä, Ýygnak birlik bilen baglydyr. «Bir ten we bir Ruh» bar diýip, resul Pawlus belläp geçýär. Hatda ýygnagyň gürrüňi etmelisi gaýgyly bolan daşky we guramaçylykly bölünişikleri hem onuň içki we ruhy birligini dargadýan däldir. Bu birlik üzülgisizdir, çünki bu — «Ruhuň birligi» ýa-da «Mukaddes Ruhuň şärikligidir» (Egesliler 4:3; Filipililer 2:1; 2 Korintoslylar 13:13 seret). Biziň ondaky umumy gatnaşygymyz bizi çuňňur we baky birleşdirýändir. Elbetde, bütindünýä ýygnagyň ýerli ýygnaklarynda hiç hili gatnaşyk etmän durup, özüňi bu bütindünýä ýygnagyň bir agzasy diýip yglan etmeklik samsyklykdyr. Hut şu ýerde biz ýerli ýygnagyň agzalary hökmünde Hudaýa sežde etmeklik, bir-birimiz bilen şatlyk bilen gatnaşyk etmeklik we has giňişleýin jemgyýete gulluk etmeklik mümkinçiligine eýe bolýandyrys. Köpler şu wagt ýygnaga gurama hökmünde garşy çykyş edýärler, käbirleri bolsa ony bütinleý terk edýärler. Köplenç bu gaty düşnüklidir, çünki ýygnak köneleşen, ýapyk bolup bilýän däldir ahyryn. Ýöne ýygnagyň adamlardygyny, ýykylmalardan mahrum bolmadyk günäli adamlardygyny ýatdan çykarmak gerek däldir. Bu ondan gaçmaklyk üçin sebäp däldir — biziň özümiz hem günälidiris we ýalňyşyp bilýändiris. Görünýän ýygnagyň ähli agzalarynyň Isa Mesihiň hakyky ýygnagynyň agzalary däldiklerini hem boýun almalydyrys. Atlary ýygnagyň kagyzlarynda ýa-da kitaplarynda ýazylan adamlaryň käbirleri Isanyň aýdyşy ýaly hiç haçan hem «atlary göklerde ýazylan» däldiler. Bu hakykatyň Mukaddes Kitapda kän ýatlanylýandygyna seretmezden, höküm çykarmak biziň işimiz däldir: «Hudaý Özüniňkileri bilýändir». Ruhany suwa çümdürilmeklik bilen, özüniň Mesihe ynamy hakynda açyk yglan edenleri görünýän ýygnaga çagyrýandyr. Emma kimiň dogrudan hem ynam bilen ýaşaýandygyny diňe Hudaý bilýändir, çünki diňe Hudaý ýürekleri görýändir. Bu iki ýygnaklaryň köp zatlarda gabat gelýändiklerine şübhe ýokdur. Ýöne şonda-da, olaryň ikisi hem bir zat däldir. Mukaddes Ruh ýygnagyň umumy durmuşyny üpjün etmän, eýsem umumy söýgini hem döredýändir. Ruhuň ilkinji miwesi — bu söýgüdir. Hudaýyň Öz tebigaty söýgüdir we Ol Özüniň ýaşanlarynyň ählisini hem söýgi bilen doldurýandyr. Mesihileriň durmuşlarynyň bir-birlerinden gaty tapawutly bolýandygyna seretmezden, her bir mesihi beýleki mesihä bolan täsin ýakynlaşmany başyndan geçirýändir. Hudaýyň çagalarynyň arasynda bar bolan we ösýän gatnaşyklar gan-garyndaşlygy boýunça gatnaşyklardan has çuňňur we ýakyndyr. Bu — Hudaýyň maşgalasynyň garyndaşlygydyr. Hakykatdan-da, «biz özümiziň ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris, sebäbi, biz doganlary söýýäris. Ýöne doganyny söýmeýän ölümde galýandyr» (1 Ýahýa 3:14). Bu — aşa syzgyr söýgi däldir. Ol hatda öz esasynda duýguly hem däldir. Onuň asly — özüňi gurban etmeklikdir; ol beýlekilere hyzmat etmeklikde, kömek etmeklikde we baýatmaklykda aýan bolýandyr. Diňe söýgi bilen günäniň merkezden daşlaşýan güýjüne garşy durup bolýandyr, çünki söýginiň birleşdirýändir ýerinde, günä bölünişik getirýändir, söýginiň ýaraşdyrýan ýerinde, günä aýyrýandyr. Elbetde, ýygnagyň taryhynyň sahypalary samsyklyk we göripçilik, hatda Mesihiň taglymatyna aç-açan boýun bolmazlykdan jyda düşen däldir. Şu gün hem käbir ýygnaklar doly durmuş bilen ýaşaman, ölüdirler ýa-da ölüp barýandyrlar; beýlekileri bolsa böleklere bölnüp, söýgüsizlik bilen bozulandyr. Ynamy yglan edip, özlerini mesihiler diýip atlandyrýanlaryň başdak-aýak ählisiniň söýgini we Isa Mesihiň durmuşyny görkezmeýändiklerini boýun almalydyrys. Olaryň arasynda şeýle etmeýänler hem az däldir. Muňa garamazdan, ýerli mesihi jemgyýetdäki (goý, ol kämil hem bolmasyn) mesihiniň orny Mesihiň Öz halkyna berýän hili oňat gatnaşyklary gözlemeklik mümkinçiligini berýändir. Şeýle gatnaşykda umumy sežde etmeklige we bu ýygnaga şaýatlyk etmäge mesihiniň mümkinçiligi hem bardyr. IV. ADAMYŇ JOGABY 9. Bahasyny hasaplap Şu wagta çenli biz Nasyraly Isanyň täsin Hudaýlyk tebi gaty hakyndaky käbir şaýatlyklara syn etdik; biz adamyň — Hudaýdan daşlaşan, özünde gulplanan, beýleki adamlar bilen sazlaşykdaky gatnaşyklardan uzakda bolan günäkäriň mätäçligi hakynda oýlandyk; biz Mesihiň özümiz üçin gazanyp, bize teklip edýän halas bolmasynyň esasy taraplaryny belläp geçdik. Indi gaty şahsy soragy, ýagny tarsusly Saulyň: «Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň?» diýip, Isa Mesihden soran ýa-da şuňa meňzeş bolan: «Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýip, Filipidäki türmeçiniň beren soragyny bermelidiris. Bir zat etmelidigini aýdyň. Mesihilik — bu hatda ýöne bir dogry hem bolan düzgünleriň toplumyna boýun bolmaklyk däldir. Mesihiň Hudaýlygyna we teklip edýän halas bolmasyna ynanyp, özüňi bu halas bolma mätäç bolan günäkär saýmaklyk hem mümkindir, emma bu entek bizi mesihi edýän däldir. Biz edil Halasgärimize we Rebbimize bolşy kimin, özümizi Oňa çäksiz bagyş edip, Isa Mesihe şahsy jogap bermelidiris. Şeýle ädimiň hakyky häsiýeti hakyndaky gürrüňi biz indiki baba çenli galdyrarys, käbir iş ýüzündäki pikirlenmelere şu wagt syn ederis. Isa hiç haçan hem Özüniň taglymatyna sylag bilen bilelekde talabyň hem girýändigini gizlemändi. Galyberse-de, Onuň bu talaby sylagynyň hoşniýetli bolşy ýaly, talaby hem şonuň ýaly gepsiz-gürrüňsizdi. Eger Ol adamlara halas bolma teklip eden bolsa, Ol olardan boýun bolmany talap edipdi. Ol Özüniň şägirtleri bolmak islän oýsuzpikirsiz adamlary hiç haçan hem goldamandy. Ol sorag berýänlere hiç hili-de ýük ýüklemezdi. Ol jogapkärsiz höwesjeň adamlary hiç zatsyz ibererdi. Luka bize Isanyň yzyna eýermeklik üçin ýa-da çarygyrylan, ýa-da özleriniň islän üç sany adam barada gürrüň berýär; emma hiç biri hem Rebbiň synaglaryndan geçip bilmedi. Öz şertleri bilen baky ýaşaýşa eýe bolmaklygy islän ahlakly, dogruçyl we görmegeý ýaş baý dolandygyryjy hem gaýgyly gidipdi: onuň baýlyklary el degirmesiz galypdy, emma ol ne ýaşaýşa, ne-de Mesihe eýe bolupdy. Beýleki gezek ullakan märeke Isanyň yzyndan ýöreýärdi. Belki-de, olar wepalylyk sözlerini gygyrandyrlar we bu daşdan olaryň dogrudan hem wepalydyklaryny görkezýän ýaly görnendir. Emma Isa olaryň Özüne bolan gatnaşyklarynyň neneň ýüzleýdigini bilýärdi. Saklanyp, olara tarap öwrüldi-de, Isa sorag görnüşindäki şeýle tymsaly gürrüň beripdi: «Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?“ diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy? Çünki binany tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa gülüp: „Bu adam salmaga başlady welin, ýöne tamamlap bilmedi“ diýer» (Luka 14:28-30). Mesihi landşafty ýarysy dikeldilip, onsoň taşlanan minaralaryň böleklerinden, ýagny gurmaga başlap, gutaryp bilmediklerden doludyr. Çünki müňlerçe adamlar Mesihiň duýduryşlaryna gulak asmaýarlar we özleriniň edýän hereketleriniň bahasy hakynda öňünden oýlanman, Onuň yzyna eýermeklige girişýärler. Netije hökmünde, biz mesihi öýündäki «galp mesihilik» atly ullakan masgaralygy görýändiris. Mesihiligiň ýaýran ýurtlarynda adamlaryň köpleri özlerini daşky mesihiligiň ýerlikli, emma ýuka gat öwüşgini bilen örtdüler. Olar özlerini hormatlamaklary üçin, käbir derejede mesihilige «gatnaşmaklyk» kararyny kabul etdiler. Emma özlerine oňaýsyzlyklary ýetirmeklik derejesine çenli «gatnaşmaklyk» islemediler. Olaryň dini — giň we ýumşak ýassykdyr. Ol olary durmuşyň gaty we ýakymsyz taraplaryndan goraýandyr we şol bir wagtyň özünde, özleriniň oňaýlyklary üçin olaryň bu dini özüniň ýerini we görnüşini üýtgedýändir. Haýasyz adamlaryň ýygnakdaky ikiýüzlüler hakynda aýdyp, dini hakykatdan gaçmaklyk ymtylyşygy kimin aýryp taşlaýandyklary geň zat däldir. Isanyň hat haty başgaçady. Ol hiç haçan hem Öz talaplaryny peseltmedi we Özüniň çakylygyny uly taýynlyk bilen kabul edilmegi üçin Öz şertlerini ukyplandyrmady. Ol Özüne boýun bolmanyň oýlanan we doly bolmaklygyny Öz şägirtlerinden talap edipdi we Ol bu hakynda şondan bäri her bir şägirtdinden talap edýändir. Ol şundan az bolan hiç bir zat bilen hem ylalaşýan däldir. Şu wagt biz Onuň näme diýendigine anyk üns bermelidiris: — Isa märeke bilen Öz şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar? Adam öz janyna derek näme berip biler? Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar». Markus 8:34-38 Mesihiň yzyna eýermeklik çakylygy Mesihiň çakylygy özüniň iň sada görnüşinde şeýledi: «Meniň yzyma düş!» Erkeklerden we aýallardan Ol şahsy wepalylygy talap edipdi. Ol olary Özünden öwrenmeklige, Özüniň sözlerine boýun bolmaklyga we özlerini Onuň işi bilen birleşdirmeklige çagyrypdy. Ýöne ilki bilen terk etmezlikden ozal Onuň yzyna eýermeklik bolup bilýän däldir. Mesihiň yzyna eýermeklik diýmeklik — bu özüň üçin eý görülýän ähli zatlaryňdan el üzmekligi aňladýandyr. Isanyň adamlaryň arasynda ýaşan wagtlary — bu göni manyda öz öýüňi we işiňi taşlamaklykdy. Simun bilen Andreas «torlaryny taşlap», Onuň yzyna eýerdiler. Ýakup bilen Ýahýa hem «kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler». «Isa şol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyň salgythanada oturanyny görüp, oňa: „Meniň yzyma düş“ diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi» (Matta 9:9). Şu gün hem Reb Isanyň çakylygy üýtgemedi. Ol henizem şeýle diýýär: «Meniň yzyma düş!» we «Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez» (Luka 14:26). Ýöne iş ýüzünde, mesihileriň aglabasy üçin bu öz öýüňi ýa-da işiňi göni manyda taşlamaklygy aňladýan däldir. Bu olary bütinleý Hudaýa tabşyryp, ilkinji orunda olary däl-de, Hudaýy goýmaklygy göz öňünde tutýandyr. Men Isa Mesihiň yzyna eýermeklikden aýry bolmadyk inkär etmeklik hakynda giňişleýin gürrüň etmek isleýärin. Birinjiden, günäni inkär etmeklik bolup geçmelidir. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu — toba etmeklikdir. Bu mesihi ýüzlenmäniň birinji bölümidir. Hiç hili ýagdaýda-da onuň gapdalyndan sowlup geçmeklik mümkin däldir. Toba bilen ynam bile gidýändirler. Biz günäni inkär etmän, Mesihiň yzyna eýerip bilýän däldiris. Toba — bu kesgitli her bir samsyk pikirlerden, samsyk sözlerden, işlerden we gylyk-häsiýetlerden yza öwrülmedir. Ynsabyňyň ezýet berýändigini duýmaklyk ýa-da nähilidir bir ýagdaýda Hudaýyň öňünde ötünç soramaklyk ýeterli däldir. Esasynda, toba — bu duýgularyň we sözleýşiň işi däldir. Bu — pikirlenişiň içki özgermesi we hereketiňiň üýtgemegine alyp barýan günä bolan gatnaşygyňyň özgermesidir. Bu ýerde ylalaşyk bolup bilýän däldir. Belki-de, biziň durmuşymyzda şeýle günäler bardyr welin, olary inkär etmekligi biz göz öňümize hem getirip bilýän däldiris; emma biz azat bolmaklygymyz hakynda Hudaýa ýüz tutanymyzda, ol günälerden hem azat bolmalydyrys. Eger siz nämäniň ýagşy, nämäniň bolsa ýamandygy, nämeden azat bolup, nämäni saklamaklygy çözeniňizde şübhelenýän bolsaňyz, onda adatlaryň güýçli täsirinden we özüňiziň bilýän mesihi şertlikleriňizden gaça durmaklyga synanyşyň. Mukaddes Kitabyň aýdyň taglymatyndan we ybsabyňyzyň ýol görkezmesinden ugur alyň we şonda Mesih sizi ýuwaşýuwaşdan dogrulygyň ýodalaryndan alyp barar. Ol siziň inkär etmeli bir zatlaryňyzy görkezeninde, olary hökman inkär ediň. Bu käbir jemgyýet ýa-da gyzyklanmaňyzy geçirýän bir toparyňyz, okaýan käbir edebiýatyňyz, tekepbirlik, göriplik ýa-da ýigrenç duýgusy, ýa-da bagyşlap bilmezlik ruhy bolup bilýändir. Isa şägirtleriniň özlerini synaga salýan gözlerini, ellerini ýa-da aýaklaryny aýryp taşlamaklygy buýrupdy. Elbetde, biz muny harp boýunça ýerine ýetirip, öz tenlerimizi maýyplamaly däldiris. Bu sözleýşiň diri keşbi özümize synaglaryň gelýän ýollary bilen neneň rehimsiz gatnaşyk etmelidigimiz hakynda aýdýandyr. Käwagtlar hakyky toba öz içine «dikelmäni» hem almalydyr. Bu biziň ýamanlyk eden adamlarymyz bilen ýaraşmaklygy aňladýandyr. Biziň ähli günälerimiz Hudaýa şikes ýetirýändir we edýän hiç bir işimiz hem bu şikesleri sagaldyp bilýän däldir. Muny diňe biziň Halasgärimiz Isa Mesihiň günäleri ýuwujy ölümi amala aşyryp bilýändir. Emma eger biziň günälerimiz beýleki adamlara zelel ýetiren bolsa, onda biz käwagtlar darganlary dikeltmäge kömek edip bilýändiris we eger mümkinçilik bar bolsa, onda muny hökman etmelidiris. Naýynsap salgytçy bolan Zakkaý özüniň ogurlan adamlaryna doly töledi we öz baýlygynyň ýarysyny garyplara berjekdigini aýdypdy. Biz onuň mysalyna eýermelidiris. Belki-de, biziň bermeli bolan pullarymyz ýa-da wagtymyz bardyr; belki-de, käbir myş-myşlary ýalana çykaryp, hususy zady gaýdyp bermelidiris, ötünç soramalydyrys ýa-da dargan gatnaşyklary dikeltmelidiris. Ýöne bu babatda çendenaşa jikme-jik daraşmaly däldiris. Soňky onýyllygyň içinde bolup geçen, bireýýäm öýkeledilen adamlar tarapyndan unudylan sözlerimizi ýa-da hereketlerimizi ýadymyza saljak bolmagymyz samsyklyk bolýandyr. Muňa garamazdan, bu borja hakykat ýüzünde seretmelidiris. Synag döwründe ýoldaşyndan göçürendigini uniwersitetiň ýolbaşçylaryna boýun alan bir talyby men bilýärin; beýleki talyp dükandan ogurlan kitaplaryny yzyna gaýdyp berdi. Harby ýolbaşçy «özüne degişli» eden zatlarynyň düzüwini Goranmak Ministrligine iberdi. Eger biz toba edýän bolsak, geçmişi düzetmeklik üçin elimizden gelenini etmeklige taýyn bolýandyrys. Biz bagyşlanma soraýan günälerimiziň miwelerinden keýplenip bilýän däldiris. Ikinjiden, öz-özüňi inkär etmeklik bolmalydyr. Mesihiň yzyna eýermeklik üçin biz diňe bir aýratyn günäleri inkär edýän däldiris, eýsem her bir günäniň kökünde ýatan özerkliligiň esasyny hem inkär edýändiris. Mesihiň yzyna eýermeklik diýmek — bu öz durmuşymyzyň ýolbaşçylygyny Oňa tabşyrmaklykdyr. Bu diýmeklik, öz ýüregiňdäki tagty inkär edip, boýun bolmaklygy Oňa edil Patyşa kimin getirmekligi aňladýandyr. Bu inkär etmeklik Isanyň üç sözleminde aýdyň beýan edilýändir. Bu — özüňi inkär etmeklikdir. «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin». Baş ruhanynyň howlusynda Petrusyň Isany inkär edenini gürrüň berýän bölekde hem hut şu işlik ulanylandyr. Petrusyň Mesihi inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip aýdyşy ýaly, biz hem özümizi inkär etmelidiris. Özüňi inkär etmeklik — bu ýöne bir süýjülerden ýa-da temmäkiden eliňi üzmeklik däldir, hemişelik inkär etmeklik ýa-da wagtlaýyn bolan meýletinlik bilen edilýän nebsiňe buýurmaklyk däldir. Çünki bu özüňe käbir zatlary rugsat bermeklik däl-de, öz-özüňi terk etmeklikdir. Bu diýmeklik, özüňe «ýok» diýip, Mesihe «hawa» diýmeklikdir; özüňi bütinleý terk edip, Mesihi boýun almaklykdyr. Isanyň ulanan indiki sözlemi — bu öz haçyňy almaklykdyr: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün» (Matta 16:24). Eger biz Palestinada ýaşap, haç göterip barýan adamy gören bolsadyk, onda biz onuň öz günäsi üçin beýik bahany tölejek ýerine äkidilýän jenaýatçydygyna düşünerdik. Çünki Palestina rimliler tarapyndan basylyp alnypdy we rimliler höküm edilen jenaýatçylary hut şeýle jezalandyrmaga mejbur edýärdiler. Professor H. B. Suit özüniň Markusyň Hoş Habaryna ýazan düşündirişinde, öz haçyňy almaklygyň — «özüňi jezalandyrylmaga äkidilýän höküm edileniň ornuna goýmaklyk» diýip düşündirýär. Başga sözler bilen aýdanymyzda, biz haça çüýlenmäni edil özümize bolan gatnaşykda özleşdirmelidiris. Resul Pawlus hem: «Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir» diýeninde, hut şu deňeşdirmäni ulanýar. Lukanyň Hoş Habarynda ýokarda aýdylanlara «günde» sözi hem goşulandyr. Mesihi günde ölmelidir. Her gün ol öz erkiniň hojaýynlygyny terk edýändir. Her gün ol özüniň Isa Mesihe bolan şertsiz tabynlygyny täzeden dikeldýändir. Özüňi inkär etmekligi Isanyň beýan eden üçünji düşündirişi — öz janyňy ýitirmiklikdir. «Öz janyny ýitiren, ony halas eder». «Jan» sözi biziň fikizi ýaşaýşymyzy ýa-da janymyzy däl-de, eýsem biziň özümizi aňladýandyr. Jan (psihi) — bu «men», bu oýlanýan, duýýan, meýilleşdirýän we saýlaýan adamzat şahsyýetidir. Luka tarapyndan saklanyp gelnen Isanyň ýene bir aýdan pikirinde, Ol gaýdym çalyşmasyny ulanyp, «özüňi» ýitirmiklik hakynda gürrüň berýär. Şeýlelik bilen, adam özüni Mesihe tabyn etmeklik bilen, özüni ýitirýändir. Ýöne bu onuň öz şahsyýetini ýitirýändigini aňladýan däldir. Onuň erki dogrudan hem Mesihe tabyn bolýandyr, emma onuň şahsyýeti bolsa Mesihiň şahsyýeti bilen ýerini çalyşýan däldir. Tersine, soňrak görjekdigimize laýyklykda, mesihi özüni ýitireninde, ol özüni tapýandyr, özüniň hakyky şahsyýetini açýandyr. Şeýlelik bilen, Mesihiň yzyna eýermeklik üçin biz özümizi inkär etmelidiris, haça çüýlemelidiris, özümizi ýitirmelidiris. Indi Mesihiň doly we berk talaby bütinleý aýandyr. Ol Özüni biziň Rebbimiz etmegimize çagyrýandyr. Häzir käbir jemgyýetlerde Mesihiň halas bolmaklygynyň ähli ýagşylyklaryna Onuň beýik hökümdarlygyny kabul etmän hem eýe bolup bolýandyr diýen gaty geň pikir bardyr. Täze Ähtde şeýle durnuksyz düşünje asla ýokdur. «Isa — Reb» — bu mesihileriň ynamynyň nyşanynyň mälim bolan iň irki kesgitlemesidir. Rim imperiýasy öz rahatlaryny «Kaýsar — Hökmürowan» diýip aýtmaklyga mejbur etdireninde, mesihileriň «Isa — Reb» diýmekleri howply görnüşe eýedi. Emma mesihiler ýaranjaňlyk etmediler. Olar Kaýsara wepalylygyň ilkinji antyny berip bilmeýärdiler, çünki olar ony bireýýäm Isa imperatora beripdiler. Hudaý Öz Ogly Isa Mesihi ähli hökümdarlardan we ygtyýarlyklardan hem ýokary edipdi, Oňa iň beýik derejäni berip, «muny Gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi» (Filipililer 2:10-11). Mesihi Reb etmeklik diýmeklik — bu biziň jemgyýetçilik we şahsy durmuşymyzyň her bir bölümini Onuň gözegçiligi astyna bermekligi aňladýandyr. Bu hatda abraýy hem öz içine alýandyr. Belki-de, Hudaýyň meýilnamasy biziň ata-enemiziň ýa-da özümiziň şahsy meýilnamalarymyza gabat gelýän däldir. Eger mesihi akylly bolsa, onda ol hiç bir zady howlukmaçlyk we oýlanmasyzlyk bilen edýän däldir. Belki-de, ol bireýýäm işleýändir ýa-da özi üçin Hudaýyň bellän ýerinde işlemeklige taýýarlanýandyr. Emma belki-de, bu beýle däldir. Eger Mesih biziň Rebbimiz bolsa, onda biz öz aňymyzy üýtgemeler üçin açmalydyrys. Hudaýyň ähli mesihileri «hyzmata» çagyrýandygy şübhesizdir, diýmek, Mesih üçin beýlekilere gul bolmaklyk hyzmatyna çagyrýandyr. Ýekeje mesihi-de özi üçin ýaşamaklygyny dowam etdirip bilýän däldir. Şeýle hyzmatyň nähili görnüşe eýe boljakdygy anyk däl. Belki-de, bu ýygnakdaky hyzmatdyr, watanyndaky ýa-da daşary ýurtdaky ýygnakdaky başga bir işdir. Emma her bir wepaly mesihi munuň üçin çagyrylandyr diýip hasaplamak ýalňyş bolýandyr. «Mesihi hyzmaty» diýen ada deň derejede mynasyp bolan hyzmatyň beýleki görnüşleri hem bardyr. Mysal üçin, köp aýallaryň aýal, ene, öý hojaýyny bolmaklyk — bular doly manydaky mesihi hyzmatdyr, çünki olar Mesihe, öz maşgalalaryna we jemgyýete hyzmat edýändirler. Medisinada, ylymda, kazyýetlikde, bilimde, durmuş taýdan üpjünçilikde, merkezi we ýerli häkimiýetde, senagatda, söwdada dürli iş hyzmat bolup bilýändir (eger işçi bularyň her birinde özüni adamzat hyzmaty üçin Hudaý bilen gatnaşykda görüp bilýän bolsa). Öz durmuşyňyz üçin Hudaýyň erkini açmaklyga howlukmaň. Eger siz Onuň erkine boýun bolup, Hudaýyň özüňize açmaklygyna garaşýan bolsaňyz, onda Ol muny Öz wagtynda eder. Munuň nämedigine seretmezden, mesihi işsizlik bilen meşgul bolup bilýän däldir. Ol başlykmy, işgärmi ýa-da telekeçi — parhy ýokdur, onuň Göklerde Hojaýyny bardyr. Ol öz işinde Hudaýyň maksadyny görmekligi öwrenýändir we onuň üstünde bütin ýüregi bilen hyzmat çekýändir, «çünki adamlara däl-de, Hudaýa gulluk edýändir». Isa Mesihiň hojaýynçylygynyň astyna düşýän durmuşyň ýene bir tarapy — bu biziň nikamyz we maşgalamyzdyr. Isa bir gezek şeýle diýipdi: «Meni Ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim» (Matta 10:34). Soňra Ol eger maşgalanyň agzalarynyň biri Onuň yzyna eýerýän bolsa, onda bu maşgalada ýüze çykýan tabynlykdaky jedeller hakynda gürrüň berdi. Maşgaladaky şeýle düşünmesizlikler häzir hem bolup geçýändir. Mesihi bu jedelleri gözlemeli däldir. Onuň öňünde kesgitli borç bardyr — öz ata-enelerini we maşgalanyň beýleki agzalaryny söýmeklik we olara hormat goýmaklyk. Onuň ýaraşdyryjy bolmaklyga çagyrylandygy sebäpli, ol ähli mümkin bolan ylalaşyklyklara hem taýyndyr, ýöne ol özüniň Hudaýa bolan borjy bilen gapmagarşylyga ýol bermeli däldir. Şonda-da, ol hiç haçan hem Isanyň şu sözlerini ýadyndan çykarýan däldir: «Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir» (Matta 10:37). Şeýle-de, mesihi diňe mesihi bilen nika gurup bilýändir. Mukaddes Kitapda bu hakynda kesgitli we anyk aýdylandyr: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» (2 Korintoslylar 6:14). Bu buýruk bireýýäm adaglanan ýa-da adaglanmaga taýyn bolanlary güýçli gaýgylandyryp bilýändir, emma bu hakykata çyn ýürek bilen seredilmelidir. Nika — bu ýöne bir durmuş taýdan şertli bolan adat däldir. Bu Hudaýyň mukaddes birligidir. Nikadaky gatnaşyklar bolsa, adamyň girip bilýän iň çuňňur gatnaşyklarydyr. Hudaý nikany edil içgin birleşik ýaly gurandyr, bu diňe bir fiziki, duýguly, aň-düşünjeli we sosial däl-de, eýsem bu şeýle-de ruhy birlikdir. Mesihi üçin özüniň ruhy birlige eýe bolup bilmejek adamy bilen nika girmekligi — bu diňe bir Hudaýa gulak asmazlyk däl-de, eýsem Hudaýyň isleýän bu birliginiň dolulygyny hem ýitirmeklikdir. Şeýle-de, bu çagalar babatda-da uly howpdur, çünki olar öz öýlerindäki dini gapma-garşylyklara şaýat bolýandyrlar; galyberse-de, çagalaryň öz ata-enelerinden alýan mesihi terbiýesi we bilimi hem mümkin bolýan däldir. Iş ýüzünde, nika we jynslaryň arasyndaky gatnaşyga bolan mesihi gözýetimi düýpgöter başgaçadyr. Biz jynslara erkek bilen aýalyň arasyndaky esasy tapawut we olaryň Hudaýyň ýaradylyşy hökmündäki bir-birlerine bolan talaplary kimin seredýändiris. Jynsy gatnaşygyň özi bolsa — mundan beýläk diňe özüňi bilmekligiň jogapkärsizliginden käbir tötänlige we aslynda şahsyýetsiz bolan zada öwrülýän däldir, ol Ýaradyjynyň oýlaýşy kimin bolýandyr; ol käbir ýagşylyga we dogry zada, söýginiň beýannamasyna, Hudaýyň niýetiniň we adamzat şahsyýetiniň amala aşmaklygyna öwrülýändir. Biz öz durmuşymyzy Isa tabyn edenimizde, Onuň Hojaýyn bolýan biziň ýene bir zatlarymyz — bu pul we wagtdyr. Isa pul hakynda we baýlygyň howpy hakynda kän aýdardy. Onuň bu babatda aýdanlary köp ýagdaýda gaýgylandyryjydyr. Käwagtlar Ol öz şägirtlerine olaryň bar zatlaryny adamlara paýlamaklygy maslahat berýändigi ýaly görünýär. Onuň şu gün hem Özüniň käbir şägirtleriniň şeýle etmegini buýurýandygy şübhesizdir. Emma adamlaryň aglabasy üçin bu parz sözme-söz terk etmeklik hakynda däl-de, içki duýgularyň bilen baýlykdan daş durmaklyk hakynda aýdýandyr. Baýlygyň öz-özünden günälidigini Täze Äht göz öňünde tutýan däldir. Elbetde, Mesih biziň Özüni maddy ýagşylyklardan, şeýle-de maşgala garyndaşlygyndan ýokary tutmagymyzy isledi. Biz hem Hudaýa, hem-de pula hyzmat edip bilýän däldiris. Ondan-da beteri, biz pullarymyzy akyldarlyk bilen harçlamalydyrys. Bu pullar indi bize degişli däldir. Olara ýolbaşçylyk etmekligi Hudaý bize tabşyrdy. Biziň asyrymyzda bütin dünýäde baýlyk bilen garyplygyň arasyndaky boşluk giňeleninde, mesihi hyzmatyň maddy kömegiň ýetmezçiligi bilen kynlaşanynda, biz sadaka bermekligimizde eli açyk adamlar bolmaklyga galmalydyrys. Biziň günlerimizde wagt — bu umumy kynçylykdyr we täze ynanan mesihi üçin özüniň islegleriniň wajyplygyna ýene bir gezek täzeden seretmeklik gerek bolýandyr. Ol heniz talyp bolýarka, okuw onuň üçin ilkinjji orunlaryň biri bolup durýandyr. Mesihileri zähmetsöýer we dogruçyl adamlar kimin tanamalydyrlar. Emma talyp-mesihi täze sapaklar üçin hem wagt tapmaly bolýandyr. Ol özüniň berk meýilleşdirilen gündeliginde her günki dileg we Mukaddes Kitaby okamaklyk üçin hem wagt tapmalydyr, sežde we dynç almaklyk üçin tassyklanan dynç gününi Hudaýa bagyşlamalydyr; beýleki mesihiler bilen gatnaşyk üçin hem wagt tapmalydyr, mesihi edebiýatlary okamaklyk we her gezekki ýygnakdaky hyzmat üçin hem wagt tapmaly bolýandyr. Eger biz günäni we özümizi inkär edip, Mesihiň yzyna eýermeklik isleýän bolsak, onda bularyň bary gaty wajypdyr. Mesihi wagyz etmeklik çakylygy Bize diňe bir şahsy durmuşymyzda Mesihiň yzyna eýermän, eýsem Ony hemmeleriň öňünde hem wagyz etmeklik tabşyrylandyr. Eger biz adamlaryň öňlerinde Ony inkär edýän bolsak, onda gizlinlikde özümizi inkär etmeklik ýeterli däldir. Ol şeýle diýdi: «Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar». Markus 8:38 «Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederin». Matta 10:32-33 Isanyň biziň Ondan utanmaly däldigimizi buýrandygy bizde utanmaklyk synagynyň boljakdygyny Onuň bilendigini görkezýändir; Onuň «bu zynahor, günäkär nesliň içinde» diýip goşmaklygy bolsa, biziň utanmaklygymyzyň sebäbini Onuň bilendigini görkezýändir. Ol Öz ýygnagynyň bu dünýäde azlyk boljakdygyny aýdyň görüpdi; bu azlyk bilen köplüge garşy çykyş etmeklik üçin batyrgaýlyk gerekdir (aýratynam eger bu azlyk tanymal bolmasa). Muňa garamazdan, bu aýdyň boýun almadan gaçmaklygyň geregi ýokdur. Resul Pawlus muny halas bolmaklygyň şerti diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, halas bolmaklyk üçin diňe bir ýüregiň bilen ynanmaklyk ýeterli däldir, şeýle-de, Isanyň Rebdigini agzyň bilen hem yglan etmedir. «Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir». Belki-de, resul şu ýerde suwa çümdürilmeklik hakynda gürrüň edýändir. Elbetde, Hudaýa ýaňy ynanan adam suwa çümdürilmedik bolsa, onda ol hökman suwa çümdürilmelidir, çünki ol suwa çümdürilmegi bilen bir tarapdan özüniň içki arassalanmasy we Mesihdäki täze durmuşynyň nyşanyna we möhürine eýe bolýandyr, ikinji tarapdan bolsa, ol hemmeleriň öňünde özüniň Isa Mesihe Halasgäri we Hudaýy hökmünde ynanandygyny boýun alýandyr. Emma mesihiniň açyk boýun almasy suwa çümdürilmeklik bilen gutarýan däldir. Ol özüniň mesihi bolandygyny maşgalasynyň we dostlarynyň hem bilmeklerini islemelidir. Aýratynam, ilki bilen olar bu hakynda mesihi bolanyň özüni alyp barşyndan bilmelidirler. Bu bolsa, öz gezeginde, hökman dil bilen şaýatlyk etmeklige getirýändir (ýöne mesihi dogruçyl we pesgöwünli bolup, beýlekileriň şahsy durmuşlaryna rugsatsyz aralaşmaly däldir). Şeýle-de, ol ýygnaga birleşýändir, institutda ýa-da işinde beýleki mesihiler bilen gatnaşyk edýändir, wajyp bolanynda bolsa, ol özüniň mesihidigini boýun almaga gorkýan däldir we öz dostlaryny Mesihe getirmekligiň ýollaryny dileg, güwälik we mysal arkaly gözläp başlaýandyr. Sebäp Mesihiň talaplaryny ýerine ýetirmeklik ýeňil däldir; emma Isanyň ol talaplara beren düşündirişleri olary ýerine ýetirmeklige yrýandyr. Şeýle, eger biz Isanyň gürrüň edýän doly boýun bolmaklygyna çynlakaý seretsek, onda bize güýçli sebäpler gerek bolýandyr. Birinji sebäp — biziň özümiz üçin. «Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar? Adam öz janyna derek näme berip biler?» Markus 8:35-37 Köp adamlaryň ýürekleriniň töründe, eger Isa Mesihe boýun bolsalar, onda özleriniň utuljakdyklary gorkusy oturandyr. Olar Isanyň bizde «artykmaç ýaşaýşyň» bolmaklygy üçin gelendigini, Onuň niýetleriniň bolsa garyp etmän, tersine, baýadýandygyny we Onuň hyzmatynyň kämil azatlykdygyny ýatlaryndan çykarýandyrlar. Elbetde, Mesihe tabyn bolmaklyk bilen, biz ýitgilere duçar bolýandyrys. Biz özümiziň inkär etmeli günälerimiz we diňe özümiz hakynda alada etmeklik hakynda gürrüň edipdk; belki-de, biz käbir dostlarymyzy hem ýitirýändiris. Emma olaryň bolelin we kanagatlanarly öwezi ol ýitgilerden ençeme esse artyk boljakdyr. Mesihiň taglymatynyň we mesihiniň durmuşynyň geň we haýran galdyryjy ýagdaýy şundadyr, ýagny eger biz Mesihiň yzyna eýerip özümizi ýitirýän bolsak, onda hakykatda özümizi tapýandyrys. Özüňi hakyky inkär etmeklik — bu özüňi hakyky açmaklykdyr. Özüň üçin ýaşaýyş — bu samsyklyk we öz-özüňi öldürmeklikdir; Mesih we adamlar üçin ýaşamaklyk bolsa — akyldarlyk we hakyky durmuşdyr. Biz tä Mesihe we öz ýakynymyzdakylara bolan hyzmatda özümizi ýitirmekligi islänimize çenli, öz-özümizi tapmaklyga başlap bilýän däldiris. Bu hakykaty güýçlendirmeklik üçin Isa bütin dünýä bilen aýratyn adamy gapma-garşylykda goýýar. Onsoň Ol girdeji we çykdajy hakynda işewür sorag goýdy. Mysal üçin, siz bütin dünýä eýe bolup, öz janyňyzy bolsa ýitirýärsiňiz diýeliň. Siziň girdejiňiz nähili bolar? Ol Özüniň yzyna eýermekligiň iň girdejili iş boljakdygyny şahsy girdejiniň iň aşakky derejesinde subut etdi. Çünki Onuň yzyna eýermeklik — bu özüňi tapmaklykdyr, özüňden berk ýapyşyp, Onuň yzyna eýermeklikden ýüz döndermeklik — şu wagtyň içinde neneň maddy ýagşylyklary gazanandygymyza seretmezden, baky ýaşaýşa bolan hukugyňy ýitirmeklikdir. Näme üçin? Birinjiden, biz bütin dünýäni gazanyp bilýän däldiris. Ikinjiden, eger biz ony gazanyp bilýän hem bolsadyk, ol baky däldir. Üçünjiden, heniz dünýä barka, ol hiç haçan hem kanagatlandyrýan däldir. «Adam öz janyna derek näme berip biler?» Bermeklik üçin teklip eder ýaly hiç bir gymmatbaha zat ýokdur. Elbetde, biz mesihiler bolýandygymyz üçin belli bir baha töleýändiris, emma mesihi däl bolmaklyk ondan hem gyzmmat durýandyr. Bu diýmeklik — özüňi ýitirmeklik diýmeklikdir. Mesihi boýun bolmanyň ikinji sebäbi — bu beýlekiler üçin. Biz Mesihe diňe bir özümiziň alýan zatlarymyz üçin däl, eýsem berip biljek zatlarymyz üçin hem boýun bolmalydyrys. «Kim öz janyny Hoş Habar üçin ýitirýän bolsa, ony halas edýändir». «Hoş Habar üçin» diýmeklik, «ony beýleki adamlara wagyz etmeklik üçin» diýmeklikdir. Biz Mesihden ýa-da Onuň sözlerinden utanmaly däldigimizi bireýýäm eşitdik; indi biz Onuň hoş habaryny beýlekilere hem ýetirip bilerimiz ýaly Oňa guwanmalydyrys. Biziň köpümiz bu bitertip dünýäniň ýüregiňi ýaryp barýan betbagtçylygyndan özümizi gaýgyly duýýandyrys. Biziň özümizi diri saklap bilmekligimiz hem sorag astyndadyr. Adaty raat özüni syýasatyň bulam-bujar torlarynyň ýa-da häzirki jemgyýetiň maşynynyň şahsyýetsiz bölejiginiň gurbany kimin duýýar. Emma mesihi üçin şeýle ýagdaýy duýmaklyk gerek däldir. Çünki Isa Mesih Özüniň şägirtlerini «ýeriň duzy» we «dünýäniň yşygy» diýip atlandyrypdy ahyryn. Sowadyjy gurallaryň oýlanyp tapylmazyndan ozal, duz esasan balygyň we etiň zaýalanmagynyň öňüni alyjy serişde hökmünde ulanylypdy. Şeýdip mesihiler ahlak kadalaryny saklamaga kömek edip, jemgyýetçilik pikirine täsir edip we kanunyň adalatlygyny gorap, jemgyýeti dargamaklykdan saklamalydyr. «Dünýäniň yşygy» hökmünde bolsa, mesihiler öz yşyklarynyň Isa Mesihde şöhlelenmeklerine rugsat bermelidirler. Olar dünýäniň we söýginiň syryny, şahsy aragatnaşyklary, adamlaryň özgermeklerini tapdylar; olar bu syrlar bilen beýlekiler bilen hem paýlaşmalydyrlar. Adamyň dünýäniň talaplarynyň kanagatlanmagy üçin goşup bilýän iň uly goşandy — bu onuň mesihi hökmünde ýaşap, mesihi ojagy gurup, Isa Mesihiň Hoş Habarynyň yşygyny şöhlelendirmegidir. Ýöne iň uly sebäp — bu Mesih üçindir. «Kim Meniň ugrumda öz janyny ýitirýän bolsa, ol ony halas eder». Haçanda bizden bir aýratyn kyn zady etmekligi haýyş edenlerinde, ony edip-etmezligimiz ony bizden haýyş edýän adama baglydyr. Eger haýyş haky bar adamdan ýa-da biziň bergidar bolan adamymyzdan gelýän bolsa, onda biz ylalaşmaga şat bolýandyrys. Hut şunuň üçin hem Mesihiň çakylygy şeýle bir çeper we ynandyryjydyr. Elbetde, hut şunuň üçin hem Isa talap edilýän inkär etmekligi «öz haçyňy almaklyk» diýip beýan edýär. Ol Özüniň bereninden artyk soraýan däldir. Ol haç deregine haç soraýandyr. Biz diňe bir Ondan alyp bilýänligimiz üçin däl-de, esasan-da, Onuň bereni üçin Onuň yzyna eýermelidiris. Ol Özüni berdi. Bu biziň üçin gymmat düşermikä? Onuň üçin gaty gymmat boldy. Ol ýere geleninde, Atanyň şöhratyny, Gökleriň azatlygyny we sansyz-sajaksyz perişdeleriň seždelerini galdyrdy. Ol şeýle bir peseldi welin, hatda adamzat adyny kabul etdi, dölede doglup, ahyrda ýatdy, agaç ussasy bolup işledi, oba balykçylary bilen dostlaşdy, adaty haçda öldi we dünýäniň günälerini Öz üstüne aldy. Diňe haçy gören badymyza, biz özümizi inkär edip, Mesihiň yzyndan gitmeklik isläp bilýändiris. Biziň kiçijik haçlarymyz Onuň haçynyň saýasynda galýandyr. Eger bir gezek biz Onuň söýgüsiniň jezadan başga hiç zady gazanmaýan özümiz üçin şeýle utanja we agyra çydar ýaly neneň beýik bolmalydygyny görenimizde, biziň üçin diňe bir ýol galýandyr. Nädip biz şeýle söýgini inkär edip, ondan gaça durup bilýändiris? Emma eger siz ahlak taýdan gan azlygy zerarly ejir çekýän bolsaňyz, onda meniň maslahatyma gulak goýuň we mesihilikden başaryp bildigiňizden daşa gaçyň. Eger siz öz höwesleriňizi läliksiredip, durmuşda ýeňillik bilen ýöremekligi isleýän bolsaňyz, onda islän zadyňyzy ediň, emma mesihi bolaýmaň. Emma eger siz özüňize Hudaý tarapyndan berlen tebigatyňyza şatlyk getirýän özüňizi doly açmaklyk durmuşy isleýän bolsaňyz, eger başgangeçirmelerden doly bolan we Hudaýadyr öz ýakynlaryňyza hyzmatyň bar bolan durmuşyny isleýän bolsaňyz, özüňiz üçin ölene minnetdarlykdan doly bolan durmuşy isleýän bolsaňyz, onda men sizi öz durmuşyňyzy bütinleý we haýal etmän Reb we Halasgär Isa Mesihe tabşyrmaklygyňyza çagyrýandyryn. 10. Çözgüde ýakynlaşyp Mesihi bolmaklyk üçin çözgüt kabul etmelidiginiň wajypdygy köpler üçin tanyş däldir. Käbirleri mesihi ýurtda doglandyklary üçin özlerini bireýýäm mesihi diýip hasap edýärler. Olar şeýle diýýärler: «Ahyrynda biz ýewreýlerem däl, musulmanlar hem däl, buddistler hem däldiris; diýmek, biz mesihilerdiris!» Beýlekiler bolsa özlerinden mesihi terbiýesini almaklykdan, özleriniň mesihi ynamynyň nyşanyny kabul etmeklige we özlerini ahlak taýdan mesihiler kimin alyp barmaklyga öwredilendiklerinden başga uly zat talap edilmeýändigini hakynda pikir edýärler. Ýöne ata-enelerinden we terbiýelerinden bagly bolmazlykda, her bir özbaşdak bolan adamyň özi «Mesih üçin» ýa-da «Mesihe garşy» bolmaklyk kararyny kabul etmelidir. Ortarada galyp bolýan däldir. Şeýle-de, tötänlik bilen ýa-da öz-özünden mesihilige geçmeklik hem mümkin däldir. Muny siziň üçin hiç kim hem gurnamaz. Hökman her kimiň özi çözmelidir. Hatda şu kitapda şu wagta çenli ýazylanlar bilen ylalaşmaklyk hem ýeterli däldir. Isanyň Hudaýlyk tebigaty hakyndaky şaýatlyklar muňa ynanmaklyga mejbur edýär diýip ylalaşmaklyk ýa-da Ol dogrudan hem Hudaýyň Ogly diýip soňky karara gelipmeklik hem mümkindir; Onuň bu dünýä gelip, hemmeler üçin Halasgär bolmaklygy üçin ölendigine hem ynanyp bolýandyr; biz günäkärler we bu Halasgäre mätäç bolanlar diýip boýun alyp hem bolýandyr. Emma bularyň her biri aýratynlykda ýa-da bilelikde bizi mesihiler edýän däldir. Isanyň şahsyýeti we işleri hakyndaky kesgitli hakykatlara ynanmaklyk — bu wajyp bolan ädimdir, emma hakyky ynam bu pikirdäki ynamlylygy çözgütli ynama geçirýändir. Aň-düşünjedäki ynamlylyk şahsy wepalylyga eltmelidir. Meniň özüm hem Isanyň ölümi bilen bütin dünýä käbir mehaniki öwrülmäniň netijesinde Hudaýyň öňünde aklandy diýip, öňler pikir edýärdim. Ilkinji gezek maňa Mesihi we Onuň halas bolmasyny özüme degişli edip ulanmaklygy teklip edenlerinde, özümiň neneň ýolumy ýitirip, gaharlanandygym ýadymda. Biraz soňra öz gözlerimi açandygy üçin men Hudaýa gaty minnetdardyryn we men özüme Halasgäriň gerekdigini bilmeklikden has uly işi etmelidigime düşündim; hatda Isa Mesihiň özüm üçin gerek bolan ýeke-täk Halasgärimdigini boýun almaklykdan hem uly işi etmelidim. Ony özümiň şahsy Halasgärim diýip boýun almalydym. Bu at çalyşmasynyň Mukaddes Kitapda aýratyn bellenýändigine şübhe ýokdur. «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin». «Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir». «Eý Hudaý, Sen meniň Hudaýym». «Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn». Ynamyň şu wajyp bolan ädimini düşünmekligi gözleýänleriň köpüsine (meniň özüme hem) kömek eden Mukaddes Kitabyň bir aýady Isa Mesihiň Öz sözlerini öz içinde saklaýandyr. Ol şeýle diýýär: «Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar» (Ylham 3:20). Bu aýady Holman Hant özüniň 1853-nji ýylda ýazylan «Dünýäniň yşygy» atly suratynda şekillendirýär. Onuň asyl nusgasy Oksforddaky Hibl ybadathanasynda asylgydyr, onuň başga nusgasy bolsa (suratçynyň 40 ýyldan soň özüniň çekeni) Keramatly Pawlusyň Ybadathanasyndadyr. Döwrüň üýtgändigine seretmezden, suratyň manysy şu günler hem ruhlandyryjy bolmaklygyna galýandyr. Jon Reskin özüniň 1854-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýyndaky «Taýms» gazetine ýazan hatynda ony şeýle beýan edýär: «Suratyň çep tarapynda biz adamzat ýüreginiň gapysyny görýäris. Ol gaty berk ýapylan; çüýler we petleler zeňlenipdir; bu gapy çyrmaşyk uzalyp gidýän ösümlikleriň baldaklary bilen öz söýelerine berk daňylan we ony hiç haçan hem açmandyklary bize mälimdir. Onuň üstünde ýarganatlar parlaýarlar, bosagasy haşal otlardan basylypdyr… Mesih onuň ýanyna gije gelýär… Ol şa geýimlerine geýnen we kellesinde tikenli täç bar, çep elinde çyra (edil dünýäniň yşygy ýaly) tutup dur we sag eli bilen gapyny kakýar». Bu aýadyň (Ylham 3-e seret) bütin bapdaky manysy hem köp zatlary yşyklandyrýar. Bu aýat Mesihiň Ýahýa arkaly Laodikiýadaky ýygnaga iberen hatynyň soňunda peýda bolýar (Laodikiýa şu wagtky Türkiýede ýerleşipdi). Laodikiýa gülläp ösýän şäherdi, ol matadyr geýimler bilen, tanymal frigiýa göz poroşogynyň öngürilýän medisina mekdebi bilen we baý banklary bilen tanymaldy. Maddy gülläp ösmeklik öz ýany bilen öz-özüňden kanagatlanarly bolmaklyk ruhuny getiripdi we bu ruh mesihi ýygnagy hem zaýalapdy. Özlerini mesihiler diýip atlandyranlar hem bu ruhuň tarapdarlary bolupdyrlar, hakykatda bolsa olar mesihiler diýip diňe atlandyrylýanlar eken. Olaryň dini gyzyklanmalary gaty saý we tötänlikden bolupdyr. Laodikiýa turbalar boýunça gelýän Giýerapolisiň gyzgyn çeşmeleriniň suwunyň bolşy ýaly, ol ynanýanlar hem (Isanyň sözlerine görä) sowuk hem däl, gyzgyn hem däl ekenler, olar ýyly ekenler, diýmek, Mesihe biperwaý ekenler. Bu ruhy taýdan ýyly bolmaklyk öz-özüňi aldamaklyk bilen düşündirilýändir. «Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin“ diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň». Gopbamsy we gülläp ösýän Laodikiýa barada bu neneň beýannama! Olar kör we ýalaňaç garyp ekenler. Geýim fabriginiň bolandygyna seretmezden, olar ýalaňaç ekenler, frigiýa göz poroşogyna seretmezden, olar kör ekenler we baý banklaryna seretmezden, olar garyp ekenler. Biz hem şu wagt olardan hiç zat bilen hem tapawutlanýan däldiris. Belki-de, biz hem olar ýaly: «Maňa hiç zat gerek däl» diýýändiris. Ruhy taýdan şundan howply bolan sözleri tapmaklyk gaty kyndyr. Hut biziň öz-özümize ýeterli bolmaklyk bitaraplygymyz ähli zatdan hem beter bizi Mesihe boýun bolmaklykdan saklaýandyr. Elbetde, Ol bize gerek! Onsuz biz ahlak taýdan ýalaňaçdyrys (we Hudaýyň barlygy üçin gabat gelýän geýim hem ýokdur), ruhy hakykata kördüris we garypdyrys, çünki Hudaýyň rehimdarlygyny satyn alara zadymyz ýokdur. Emma Mesih bizi dogruçyllyga geýindirip bilýändir, elini degirmekligi bilen kör gözlerimizi açyp bilýändir we ruhy ýagşylyklar bilen baýadyp bilýändir. Onsuz we Onuň içeri girmekligi üçin gapyny açanymyza deňeç, biz kör we ýalaňaç garyplardyrys. Isa: «Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn» diýýär. Bu göze görünmäniň miwesi däldir, dini hekaýanyň toslap tapylan gahrymany däldir. Bu Onuň tassyklamalarynyň, Onuň häsiýetiniň we ölümden direlmeginiň — Onuň Hudaýyň Ogludygy hakynda gürrüň berýän Nasyraly Isadyr. Şeýle-de, Ol haça çüýlenen Halasgärdir. Gapyny kakýan ellerde ýara yzlary bardyr. Bosagada duran aýaklarda bolsa çüýleriň yzlary görünýändir. Ol — direlen Mesihdir. Ýahýa özüniň görnüşini göreninde, Ony Ylham kitabynyň birinji babynda beýan edipdi. Onuň gözleri edil ýanyp duran ot ýalydy, aýaklary bolsa kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Onuň sesi edil uly suwuň şaggyldysy kimindi, ýüzi bolsa bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy. Ýahýanyň Onuň aýaklaryna ýykylandygy geň zat däl. Şunuň ýaly beýik bolanyň kör we ýalaňaç garyplar bolan biziň ýanymyza aşak inmekligi düşünerden kyndyr. Şonda-da, Isa Mesih Özüniň biziň durmuşymyzyň gapysyny kakyp, garaşyp durandygy hakynda aýdýar. Üns beriň: Ol gapyny iteklemän, onuň agzynda dur; biziň bilen gygyryşman, ýuwaşja gepleşýär. Eger öýüň Oňa degişlidigi hakynda oýlananymyzda bolsa, bu ondan hem täsin bolýandyr. Ol bu öýi oýlap tapan arhitektordyr. Ol — bu öýi guran gurujydyr. Ol Hojaýyn, Ol muny Öz gany bilen satyn aldy. Şonuň üçin oýlap tapyş, guruş we satyn alyş haky boýunça öý Oňa degişlidir. Ol egni bilen gapyny açyp bilerdi, emma eli bilen kakmaklygy makul bilýär. Ol biziň gapyny açmagymyzy buýrup bilerdi, emma munuň deregine Ol bize şeýle etmekligi teklip edýär. Ol hiç bir adamyň durmuşynda-da Özüniň bolmaklygyna güýç bilen daraşýan däldir. Ol şeýle diýýär (18-nji aýat): «Saňa maslahat berýärin…» Ol buýruklary berip bilerdi; emma Onuň üçin maslahat bermekik ýeterlidir. Ine, Onuň rehimdarlygy we pesgöwünliligi, bize beren azatlygy şeýledir. Emma näme üçin Isa Mesih girmek isleýär? Biz munuň jogabyny bireýýäm bilýäris. Ol biziň hem Rebbimiz, hem-de Halasgärimiz bolmak isleýändir. Ol biziň Halasgärimiz bolmaklyk üçin öldi. Eger biz Ony kabul etsek, onda Ol Öz ölümi bilen satyn alan ähli ýagşylyklary bize bermek isleýändir. Öýe girmekligi bilen, Ol ony täzelär, tämizlär we tertibe getirer. Diýmek, Ol bizi bagyşlar; biziň geçmişimiz öçüriler. Şeýle-de, Ol biziň bilen bile damak iýmekligi wada berýär. Bu diýmeklik, biz Onuň bilen şatlanyp bilýändiris. Ol diňe bir Özüni bize berýän däldir, eýsem biziň hem özümizi Oňa bermegimizi haýyş edýändir. Biz tanyş däldik; indi biz dostlardyrys. Biziň aramyzda ýapyk gapy bardy; indi bolsa biz bir saçagyň başynda otyrys. Şeýle-de, Isa Mesih biziň Rebbimiz we Hojaýynymyz hökmünde girýändir. Durmuşymyzyň öýi Onuň ýolbaşçylygyna geçýändir. Haçanda Ol gapymyzyň bosagasyndan geçen badyna, biz her bir otagymyzyň gapylaryny Onuň üçin açyp, açarlaryň bagyny Onuň eline tabşyrmalydyrys. Dördünji synpda okaýan bir talyp bir gezek maňa şeýle ýazypdyr: «Mesihe öz öýümiň ähli otaglarynyň açarlarynyň bagyny bermekligiň deregine, men Oňa ähli gapylar üçin hem laýyk gelýän bir açary berdim». Munuň üçin toba etmeklik gerekdir, özümiziň bilýän Oňa ýaramaýan ähli zatlarymyzy inkär etmelidiris. Biz Ony çagyrmazymyzyň öň ýanynda oňat bolmaga çalyşmaly däldiris. Tersine, biziň özümizi bagyşlap bilmän, oňat bolup bilmeýändigimiz üçin Onuň girmekligi wajypdyr. Emma Onuň gireninden soň, etjek ähli üýtgeşikleri üçin biz taýyn bolmalydyrys. Öz şertlerimizi goýmaklygyň ýa-da garşy çykmaklygyň synanyşmalary bolup bilýän däldir; Mesihiň hökümdarlygyna şertsiz tabyn bolmaklyk bolmalydyr. Bu näme diýmeklik? Men muny jikme-jik beýan edip biljek däldirin. Esasynda, bu ýamany terk edip, Mesihiň yzyna eýermeklikdir. Siz şübhelenýärsiňizmi? Siz Mesihe garaňkylykda tabyn bolmaklyk akylly däl diýjek bolýarsyňyzmy? Elbetde, bu beýle däl. Bu nika baglanylyşyndan hem akyllydyr. Nikada erkek bilen aýal bir-birlerine hiç bir şertsiz tabyn bolýandyrlar. Olar özlerine nämäniň garaşýandygyny bilmeýändirler. Emma olar bir-birlerini söýüp, bir-birlerine ynanýandyrlar. Olar «elmydam bir-birlerini goldamaklyga, ýagşyny we ýamany, baýlygy we garyplygy, saglygy we keseli bile paýlaşmaklyga, tä ölüm aýyrýança, bir-birlerini söýmekligi we hormatlamagy» wada berýändirler. Eger adam adama şeýle ynanyp bilýän bolsa, onda nädip biz Hudaýyň Ogluna ynanman bileris? Adamlaryň iň oňadyna we mertebelisine tabyn bolanyňdan, Reb Isa Mesihe tabyn bolanyň gaty akyllydyr. Isa hiç haçan hem biziň ynamymyzy satýan däldir ýa-da ony ýamanlyk üçin ulanýan däldir. Şeýlelikde, biz näme etmeli? Ilki bilen Onuň sesini eşitmeli. Eşitmeýän gulaklaryň bilen Mesihe tarap öwrülip, Onuň ýuwaşlyk bilen gelýän sesini basyp ýatyrmaklyk üçin elmydam hem gaýgyly mümkinçilik bardyr. Käwagtlar biz Onuň sesini ynsabymyzyň sançmalary arkaly, käwagtlar bolsa aklymyzyň agtarmaklygy arkaly eşidýändiris. Bu ahlak taýdan utulmaklyk ýa-da peýda bolup görünýän boşluk bolup bilýändir, ýa-da güýçli ruhy açlyk, ýa-da keselçilik, jyda düşmeklik ýa-da agyry, ýa-da gorky hem bolup bilýändir. Bularyň bary gapyda durup sabyrlylyk bilen kakýan Mesihi görmeklige bize kömek edip bilýändir. Onuň çakylygy bize dostumyz arkaly, wagyzçy ýa-da kitap arkaly gelip bilýändir. Haçan hem bolsa, biz Ony eşidenimizde, hökman gulak asmalydyrys. Isa: «Gulagy barlar eşitsin» diýýär. Onsoň gapyny açmaly. Onuň sesini eşidip, Onuň kakýandygyna jogap edip, gapyny açmaly. Isa Mesih üçin gapyny açmaklygymyz — bu Oňa biziň Halasgärimiz hökmünde bolan ynam ädimimizdir, Oňa Rebbimize kimin bolan tabyn bolmaklyk ädimimizdir. Bu — kesgitli hereketdir. Şu ýerdäki ulanylan grek sözüniň wagty şübhe üçin hiç hili ýer galdyrýan däldir. Gapy tötänlikden açylyp bilinýän däldir. Ol çalaja açyk hem däldir. Ol berk ýapykdyr we ony açmaklyk gerekdir. Şeýle-de, ony Isanyň Özi açmaz. Holman Hantyň suratyndaky gapyda tutawaç ýokdur we eliň bilen berk tutup, çeker ýaly zat hem ýokdur. Tutawajyň iç tarapyndadygyny görkezmeklik maksady bilen, suratçynyň ýörite şeýle edip çekendigi hakynda gürrüň edýärler. Mesih gapyny kakýar, biz bolsa açmalydyrys. Bu — şahsy hereketdir. Dogrudanam, hat ýygnaga ýazylandy, Laodiýadaky «ýyly» ýygnaga ýazylandy. Emma çakylyk her bir adama şahsy görnüşde atylandyr: «Eger kimdir biri sesimi eşidip, gapyny açsa, oňa girerin». Her kim çözgüt edip, bu ädimi özi ätmelidir. Siziň üçin başga biri muny etmez. Ata-eneler we mesihi-mugallymlar, dostlar we ruhanylar ýol görkezip bilerler, emma diňe siziň, diňe siziň elleriňiz tutawajy aýlap, gapyny açyp bilýändir. Bu — täsin hereket. Şeýle ädim durmuşda diňe bir gezek edilýändir. Haçanda Isa içerik gireninde, Ol gapyny iç tarapyndan gulplaýandyr. Günä Ony üçege ýa-da ýerzemine gitmeklige mejbur edýändir, emma Ol giren öýüni hiç haçan hem taşlaýan däldir. Ol «seni hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn» diýýär. Men siziň öz gaýgylaryňyzdan hakyky perişdäniň ganatlary bilen çykýandygyňyzy aýdýan däldirin. Men siziň göz açyp ýumasy salymda kämil boljakdygyňyz hakynda hem aýdýan däldirin. Göz açyp ýumasy salymda mesihi bolup bilinýändir, emma ýetişen mesihi bolup bilinýän däldir. Göz açyp ýumasy salymda Mesih siziň ýüregiňize girip, sizi arassalap, bagyşlap bilýändir, emma siziň häsiýetiňiziň üýtgäp, Onuň erki boýunça görnüşe eýe bolmaklygy üçin bolsa gaty kän wagt gerek bolar. Gelin bilen giýewiň är-aýal bolmaklary üçin azajyk pursat gerekdir, emma iki güýçli erkiň bir bolmalygy üçin olaryň bulam-bujarlykly öýlerinde ençeme wagt geçirmekleri gerek bolýandyr. Şonuň üçin biz Mesihi kabul edenimizde, tabyn bolmaklygyň pursady durmuşa ukyplanmaga alyp barýandyr. Bu — şu wagt wajyp bolan hereketdir. Gerek bolanyndan kän garaşmaň. Wagt geçýändir. Geljek kesgitli däldir. Belki-de, siziň üçin oňat mümkinçilik hiç-de bolmaz. «Ertirki güne buýsanma, çünki sen bir günüň näme emele getirjekdigini bilýän dälsiň» (Süleýmanyň tymsallary 27:1). «Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: bu gün Onuň sesini eşitseňiz… ýüregiňizi gatatmaň» (Ýewreýler 3:7, 8). Oňat bolmaklyga ýa-da Mesihe mynasyp bolmaklyga synanyşanyňyza çenli yza galdyrmaň. Ýa-da ähli kynçylyklaryňyzy çözeniňize çenli garaşmaň. Eger siz Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna we Onuň öz Halasgäriňiz bolmaklygy üçin ölendigine ynanýan bolsaňyz, onda bu ýeterlidir. Galany öz wagtynda gelýändir. Dogrudanam, howlugyp edilen hereketde howp bardyr, emma haýallykda hem edil şeýle howp bardyr. Eger siz öz ýüregiňizde hereket etmelidigiňizi bilýän bolsaňyz, onda mundan beýläk yza süýşürmek gadagandyr. Bu — wajyp bolan hereketdir. Mesihi durmuşynda onda başga-da köp zatlar bardyr. Indiki bapda görjekdigimiz ýaly, ol ýerde ýygnagyň gatnaşygyna birleşmeklik, Hudaýyň erkini açyp, oňa eýermeklik, merhemetde ösmeklik, Hudaýa we adamlara hyzmat etmeklige düşünmeklik we ymtylmaklyk. Emma bu ädim — diňe başlangyçdyr we muny hiç zat hem çalşyp bilýän däldir. Mesihe akyl bilen ynanyp, Oňa begenmeklik mümkindir; Oňa gapynyň deşijeginden dileg edip bolýandyr (ençeme ýyl mundan ozal meniň edişim ýaly); Ony rehimdar etmeklik maksady bilen gapynyň aşagyna teňňe dykyp bolýandyr; ahlakly, oňat gylyk-häsiýetli, dogruçyl adam bolup bolýandyr; dini adam bolup bolýandyr; suwa çümdürilip hem bolýandyr; filosofiki dine çuňňur aralaşmak mümkindir; din taglymatyny öwrenip bolýandyr ýa-da el goýlup bellenen ruhany bolup bolýandyr — we henizem Mesih üçin gapyny açman hem bolýandyr. Muny hiç zat bilen hem çalyşmak mümkin däldir. Uniwersitetiň bir professory özüniň terjimehalynda şeýle ýazýar: «Bir gezek men awtobusyň üstünde gidýärdim we birden sözsüz we (meniň pikirimçe) hiç bir şekilsiz ýagdaýda meniň öňümde nähilidir bir geň halda özüm hakyndaky hakykat peýda boldy. Men özümiň bir zady saklap bilmeýändigime ýa-da bir zatdan arany üzýändigime düşündim. Ýa-da eger isleseňiz, men özümi edil korset ýaly ýa-da hatda leňňejiň çanagy ýaly bir gaty geýimde duýdum. Men hut şol ýerde we şonda özüme azat saýlawyň berlendigini duýdum. Men gapyny açyp bilerdim ýa-da ony ýapyk saklap bilerdim; men tuwalgany taşlap bilerdim ýa-da ony götermegimi dowam etdirip bilerdim. Mümkinçilikleriň hiç biri-de maňa borç hökmünde göz öňüme gelmeýärdi, olaryň hiç birine-de gorky we howp garyşan däldi, ýöne muňa garamazdan, gapyny açmaklygyň ýa-da korseti çykarmagyň öňünde hasaplap bolmajak bir zatdygyny aňladýardy. Men gapyny açmaklyk, jylawlary boşatmaklyk çözgüdini kabul etdim. Men «men çözdüm» diýýärin, ýöne şonda-da iş ýüzünde garşydaş hereketi etmeklik düýbünden mümkin däl ýalydy». Şeýdip, professor K. Lýuis «Şatlykly geň galma» atly kitabynda özüniň başdan geçirmelerini beýan edýär. Hoş Habaryň wagyz edilen ýygnagynda, bir ady belli zenan Billi Gremiň öňe çykmaklyk çakylygyna jogap berdi. Bu zenany bir ynanýan adam bilen tanyşdyrdylar. Bu ynanýan adam zenanyň henizem öz durmuşyny Mesihe boýun egdirmändigini bileninde, şol pursat, şol ýerde aýala dileg edip, şeýle karary kabul etmekligi teklip etdi. Kellisini aşak egip, ol zenan şeýle diýdi: «Gadyrdan Reb Isa! Men Seniň öz ýüregime gelmekligiňi dünýädäki ähli zatlardan hem güýçli isleýärin. Omyn!» Ýetginjek oglan dynç gününiň agşamynda umumy ýaşaýyş jaýynda dyza çökýär. Ýönekeý sözler bilen, emma berklik bilen ol özüniň durmuşda çolaşandygyny Mesihe aýdýar; öz günälerini boýun aldy; Özi üçin Mesihiň ölendigine minnetdarlyk bildirdi we öz durmuşyna Onuň gelmekligini haýyş etdi. Ertesi gün ol öz gündeliginde şeýle ýazýar: «Düýn dogrudanam kän zat bolup geçdi!.. Şu wagta çenli Mesih yzdady we men öz durmuşymyň ähli ygtyýaryny Oňa tabşyrmaklygyň deregine, Onuň özüme diňe ýol görkezmekligini haýyş ederdim. Ol bolsa durup, gapyny kakmagyny dowam etdirýärdi. Men Ony eşitdim we indi Ol meniň öýüme girdi. Ol ony arassalady we indi onda şalyk edýär…» Bir günden soň ýene şeýle ýazýar: «Şu günüň dowamynda mydama men ullakan we täze şatlygy duýdum. Bu — dünýä bilen ýaraşykly bolup, Hudaý bilen gürrüňdeş bolmaklygyň şatlygydyr. Indi men gaty oňat bilýärin: Ol maňa ýolbaşçylyk edýär we men öň Ony hakykatdan hem bilmeýärdim…» Bu bölekler meniň öz gündeligimdendir. Men olary getirmeklige töwekgelçilik etdim, çünki men özümiň ätmedik ädimimi size ätdirmäge synanyşýandyryn diýip, siziň oýlamagyňyzy men islemeýärin. Siz mesihimi? Hakyky we wepaly mesihimi? Siziň jogabyňyz şu soraglardan bagly däldir: ýygnaga barýarsyňyzmy ýa-da ýok, ynam nyşanyna ynanýarsyňyzmy ýa-da ýok, mynasyp durmuşy alyp barýarsyňyzmy ýa-da ýok (ýöne bularyň ählisi hem öz wagtynda wajypdyr). Ýok, siziň jogabyňyz, ine, şu soragda baglydyr: Isa Mesih siziň gapyňyzyň haýsy tarapynda dur? Ol içerdemi ýa-da daşarda? Bu iň wajypdyr. Belki-de, siz gapyny Mesih üçin açmaga taýynsyňyz. Eger siz muny edip-etmändigiňize ynamly bolmasaňyz, meniň maslahatym şeýle: hatda eger (kimdir biriniň aýdyşy ýaly) galam bilen ýazylanyň üstünden syýa bilen ýazmaly bolsaňyz-da, hökman ynamly boluň. Men size dileg etmeklik üçin ýeke bolmaklygy teklip edýärin. Öz günäleriňizi Hudaýyň öňünde boýun alyp we olary inkär ediň. Özüňiz üçin Isa Mesihiň ölendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. Onsoň gapyňyzy açyp, Onuň özüňiziň edil şahsy Halasgäriňiz we Rebbiňiz hökmünde girmekligini haýyş ediň. Belki-de, size öz ýüregiňizde gaýtalap biljek dileg kömek eder: «Reb Isa Mesih, men öz hususy ýolum bilen gidendigimi boýun alýaryn. Men pikirimde, sözlerimde we işlerimde günä etdim. Meniň günälerimi bagyşla. Men toba edip, olardan ýüz öwürýärin. Öz üstüňe meniň günälerimi alyp, meniň üçin ölendigiňe ynanýaryn. Seniň beýik söýgiň üçin minnetdardyryn. Indi men gapyny açýaryn. Oňa gir, Reb Isa! Edil meniň Halasgärim hökmünde gir we meni tämizle. Edil Rebbim hökmünde gir we maňa ýolbaşçylyk et. Men Saňa hyzmat ederin, çünki bütin ömrümde Sen maňa güýç berýänsiň. Omyn». Eger siz şu dileg bilen dileg eden bolsaňyz, Mesihiň öz ýüregiňize girendigi üçin, Oňa kiçigöwünlik bilen minnetdarlyk bildiriň. Çünki Ol Özüniň girjekdigi hakynda aýdypdy. «Eger kim sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin…» Öz duýgularyňyza üns bermäň; Onuň wadasyna ynanyň we Onuň Öz sözüni ýerine ýetirenligi üçin minnetdarlyk bildiriň. 11. Mesihi bolmaklyk Bu soňky bap öz durmuşynyň gapysyny Isa Mesihe açanlar üçin ýazylandyr. Olar özlerini Isa tabşyrdylar. Şeýlelik bilen, olar mesihi durmuşa başladylar. Emma mesihi diýip atlandyrylmak — bu bir zatdyr, ýöne hakykatdan hem mesihi bolmaklyk, ýagny mesihi kimin ýaşamaklyk — bu has başga zatdyr. Indi biz «mesihi bolmaklyk» sözleriniň nämäni aňladýandygy hakynda gürrüň ederis. Siz ýönekeý ädim ätdiňiz: Mesihi edil öz Halasgäriňiz we Rebbiňiz hökmünde çagyrdyňyz. Şol pursat täsinlik diýip atlandyryp bolýan bir waka bolup geçdi. Hudaýyň merhemeti bolmasady, siz toba edip, ynanyp bilmezdiňiz. Hut şol Hudaý size täze durmuş berdi. Siz täzeden doguldyňyz. Siz Hudaýyň perzendi bolduňyz we Onuň maşgalasyna girdiňiz. Belki-de, siz edil eneden doglanyňyzdakyňyz ýaly, şu wagt hem bolup geçen zatlara aň ýetirip bilýän dälsiňiz. Öz-özüňe aň ýetirmeklik, özüňiň kimdigiňe düşünmeklik — bu şahsy ösüşiň bir bölegidir. Muňa seretmezden, siz eneden doglanyňyzda, edil täze, bitarap şahsyýet hökmünde peýda bolduňyz. Bu ýerde hem hut şeýledir: haçanda siz ruhy taýdan täzeden doglanyňyzda, siz Mesihdäki täze ýaradylyş bolduňyz. Emma (belki siziň pikir edişiňiz ýaly) Hudaý ähli adamlaryň Atasy dälmi ahyryn? Ähli adamlar Hudaýyň perzentleri dälmi ahyryn? Hawa we ýok! Elbetde, Hudaý ähli adamlaryň Ýaradyjysy we özleriniň ýaşaýyşlaryny Ondan alandyklary üçin, olaryň bary Onuň perzentleridirler (mysal üçin, Resullaryň işleri 17:28 seret). Emma Mukaddes Kitap Hudaýyň ähli adamlara bolan gatnaşygynyň arasynda tapawut goýýandyr. Eger Ol Ýaradyjy hökmünde ähli adamlara Öz ýaradylanlaryna kimin gatnaşyk edýän bolsa, Isa Mesihi kabul edip, täze ýaradylyş bolanlar bilen bolsa edil atanyň öz ogluna bolan aýratyn gatnaşygy ýaly gatnaşygy ýola goýýandyr. Ýahýa özüniň Hoş Habaryna girişinde muny şeýle düşündirýär: «Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi». Şu aýatlarda gürrüňi edilýän adamlaryň şol bir adamlardygy aýdyňdyr. Hudaýyň oglanlary — bu Hudaýdan doglanlar, Isa Mesihi öz durmuşlaryna kabul edip, Onuň adyna yman edenlerdirler. Bu manyda Hudaýyň «oglanlary» bolmaklyk nämäni aňladýar? Edil her bir maşgaladaky agzalyk ýaly, ol aýratyn hukuklar bilen jogapkärçiligi hem göz öňünde tutýandyr. Olary görmeklik üçin biz seretmegimizi dowam etdirmelidiris. Mesihi aýratyn hukuklar Hudaýyň maşgalasyna girenleriň ýeke-täk aýratyn hukugy — bu olaryň Hudaý bilen baglydyklarydyr. Geliň, bu gatnaşyklara syn edeliň. Içgin gatnaşyklar Biziň günälerimiziň Hudaýdan aýrylmaklygy getirendigine öňräk göz ýetiripdik. Olar edil biziň aramyzdaky böwet kimin durdular. Eger muny başgaça beýan etsek, onda biz bütin älimiň Hökümdarynyň adalatly höküminiň astyndadyk. Emma indi biziň günälerimizi Öz üstüne alan Mesih arkaly we Özi bilen ynam arkaly birleşen Hudaýymyz tarapyndan «aklanandyrys», ýagny Hudaý tarapyndan kabul edilip, dogruçyl diýlip yglan edilendiris. Biziň Kazymyz biziň Atamyz boldy. «Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir!» diýip, Ýahýa öz hatynda ýazýar. «Ata» we «Ogul» — bu iki dürli ady Isa Hudaýa we Özüne berdi; şu atlar bilen Ol biziň hem peýdalanmagymyza rugsat berýär! Onuň bilen birligimize görä, Onuň Atasyna bolan hususy içgin gatnaşygyndan biziň üçin hem käbir zatlary paýlaşmaklymyza rugsat berlendir. Biziň eramyzyň III ýüzýyllygyň ortalarynda Karfageniň Gözegçisi Kiprian özüniň Rebbiň Dilegi hakynda ýazanynda, bu aýratyn hukugy aýdyň beýan edýär: «Hudaýyň rehimdarlygy neneň beýik! Onuň bize berýän merhemeti we ýagşylyklary neneň beýikdir; eger Hudaýy Atamyz, özümize bolsa Isanyň Hudaýyň Ogly bolşy ýaly, Onuň oglanlary diýip Öz öňünde dileg etmeklige rugsat berendigine syn etsek, onda Onuň merhemetiniň we rehimdarlygynyň neneň beýikdigine göz ýetirip bilýändiris. Eger Onuň Özi bize hut şeýle dileg etmeklige rugsat bermedik bolsa, onda hiç kim hem dilegde bu ady tutmaklyga gaýrat edip bilmezdi». Indi biz ikiýüzli bolman, Rebbiň dilegini gaýtalap bilýändiris. Öňler sözler boş eşidilýärdi, indi bolsa olar täze many bilen doldurylandyr. Hudaý — dogrudan hem biziň Göklerdäki Atamyzdyr. Biz dileg edip ýetişmänkämiz, Ol biziň ähli mätäçliklerimizi bilýändir we Öz perzentlerine ýagşylyklary bermeklige ýadaýan däldir. Belki-de, käwagtlar bizde Onuň eli bilen bir zatlary düzetmeli bolýandyr, «Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, Ogullyga kabul edenini çalýandyr» (Ýewreýler 12:6). Emma munda-da Ol bize edil ogullaryna bolşy kimin, biziň ýagşylygymyz üçin temmi berýändir. Şeýle söýýän, akylly we güýçli Ata bilen biz özümiziň ähli gorkularymyzdan azat bolup bilýändiris (Gökdäki Atamyzyň aladasy hakynda Matta 6:7-13, 25-34 we 7:7-12 seret, Onuň terbiýesi hakynda bolsa Ýewreýler 12:3-11 serer). Dogry gatnaşyklar Mesihiniň Hudaýa gatnaşygynyň edil çaganyň öz kakasyna bolan gatnaşygy ýalydygy — bu diňe bir içgin däl-de, eýsem ynamlydyr. Köp adamlar oňat zatlara diňe bil baglaýan ýalydyrlar, emma munuň oňatdygyny anyk bilmek bolýandyr ahyryn. Bu mümkin bolýandygyndan hem uludyr. Bu Hudaýyň bize açyk bolan erkidir. Diňe bir öz aňymyzyň rahatlygy ýa-da beýlekilere kömek üçin Hudaý bilen gatnaşyklarymyzda ynamly bolmaly däldiris, emma şeýle-de, bizde bu ynamlylygyň bolmaklygyny Hudaý isländir. Özüniň birinji hatyny ýazanynda, niýetiniň hut şeýle bolandygyny Ýahýa berk tassyklaýandyr: «Men muny size — Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň» (1 Ýahýa 5:13). Emma ynamly bolmaklyk — bu diňe bir ynamlylygy duýmanklyk däldir. Köpler özleriniň mesihi durmuşlarynyň başynda bolanlarynda, şu ýalňyşlygy goýberýändirler. Olar özleriniň ýüzleý duýgularyna gaty berk bil baglaýandyrlar. Şu gün olar özleriniň Hudaýa ýakyndyklaryny duýýandyrlar; ertesi gün bolsa olar ýene-de Hudaýdan aýralyga düşendiklerini duýýandyrlar. Özleriniň duýgularyň ruhy ýagdaýy anyk görkezýär diýip oýlamaklary bilen, olar ynamsyzlygyň däliligine düşýändirler. Olaryň mesihi durmuşlary sallançakdaky mydamalyk bolmadyk uçuşa meňzeýändir. Olar şatlygyň belenliklerinde uçup, ýene-de depressiýanyň çuňluklaryna gaçýandyrlar. Şeýle ýalňyş durmuş Hudaý tarapyndan Onuň perzentleri üçin niýetlenen däldir. Öz duýgularyňa kän bir ynanmazlyga öwrenmeli. Olar gaty üýtgeýändirler. Olar howa bilen, wakalar bilen we saglygymyzyň ýagdaýlary bilen üýtgeýändirler. Biz — näzlere we keýpiköklüge sezewar bolan hemişelik däldiris we biziň berk bolmadyk duýgularymyz hem ruhy ösüş bilen hiç bir umumylyga eýe däldir. Biziň Hudaý bilen aragatnaşykdadygymyz baradaky bilimiň esasy — biziň duýgularymyz däl-de, Onuň bu hakda aýdýanlarydyr. Özümiz babatda ulanýan barlagymyz anyk däldir. Ruhy durmuşyň gözleginde, biz öz-özümi jikme-jik barlaşdyrmaly däldiris, özümizden ýokary, ýagny Hudaýa we Onuň sözüne seretmelidiris. Emma biziň Hudaýyň perzentleridigimizi tassyklaýan Hudaýyň sözüni nireden gözlemeli? Birinjiden, Hudaý Isany kabul edenleriň ählisine baky ýaşaýşy berjekdigini Öz sözünde, ýagny Mukaddes Kitapda wada berýändir. «Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur» (1 Ýahýa 5:11-12). Diýmek, özümiziň ebedi ýaşaýşa eýedigimize bolan pesgöwünli ynamymyz — bu öz-özüňe bil baglamaklyk däldir. Tersine, Hudaýyň sözüne ynanmaklyk — bu tekepbirlik däl-de, kiçigöwünlikdir, öz-özüňe bil baglamaklyk däl-de, akyldarlykdyr. Şübhe samsyklyk we günä bolýandyr, çünki «Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir» (1 Ýahýa 5:10). Galyberse-de, Mukaddes Kitap Hudaýyň wadalaryndan doludyr. Akylly mesihi mümkin boldugyndan çaltlyk bilen olary ýatda saklamaklyga girişýändir. Soňra ol depressiýalaryň we şübheleriň çukuryna gaçanynda, Hudaýyň wadalaryndan peýdalanyp, ol çukurlardan ýüp boýunça çykan ýaly halas bolup biler. Ine, ýatda saklamaklyk üçin birnäçe aýatlar. Olaryň her birinde — Hudaýyň wadalary. Eger biz Mesihe gelsek, Ol bizi kabul eder. Ýahýa 6:37 Ol bizi saklar we hiç haçan hem taşlamaz. Ýahýa 10:28 Ol hiç haçan bizi terk etmez. Matta 28:20; Ýewreýler 13:5, 6 Hudaý biziň güýjümizden artyk synaga ýol bermez. 1 Korintoslylar 10:13 Biz günälerimizi boýun alyp, toba edenimizde, Ol bizi bagyşlaýar. 1 Ýahýa 1:9 Biz akyldarlyk soranymyzda, Ol bize ony berýändir. Ýakup 1:5 Ikinjiden, Hudaý biziň ýüreklerimize gepleýändir. Bu tassyklamalara gulak asyň: «Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» we «Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: „Abba, Ata“ diýip seslenýäris. Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär» (Rimliler 5:5; 8:15-16). Munuň nämedigini her bir mesihi bilýändir. Mukaddes Kitapdaky Mukaddes Ruhuň daşky şaýatlygy biziň tejribemizdäki Mukaddes Ruhuň içki şaýatlygy bilen tassyklanýandyr. Bu diýmeklik — üýtgeýän we ýüzleý bolan duýgulara ynamy baglaman, dilegde Hudaýyň ýüzüni agtaranymyzda, Mukaddes Ruhuň bize «Ata!» diýip ýüzlenmäge ýüreklerimizde ynamlylygy döretmegine garaşmaklykdyr. Üçünjiden, biziň Hudaýyň ogullarydygymyz hakynda Ýazgylarda we tejribelerimizde şaýatlyk edýän şol Ruh öz şaýatlygyny biziň häsiýetimizde tamamlaýandyr. Eger biz Hudaýyň maşgalasynda täzeden dogulýan bolsak, onda Hudaýyň Ruhy bizde ýaşaýandyr. Dogrudanam, Mukaddes Ruhuň bizde bolmaklygy we ýaşamaklygy — Hudaýyň perzentleriniň iň beýik aýratyn huhuklarynyň biridir. Bu olary tapawutlandyryjy häsiýetdir: «Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr». Ýene-de: «Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir» (Rimliler 8:9-17). Onuň biziň ýüreklerimize gireninden azajyk wagt geçer we Ol biziň ýüregimizde özgerşikleri amala aşyryp başlar. Şeýle barlag hakynda Ýahýa özüniň birinji hatynda rehimsiz aýdýar. Eger kimdir biri Hudaýyň parzlaryna gulak asman, öz ýakynyna bolan borjuny ýerine ýetirmese, onda ol mesihi däldir. Dogruçyllyk we söýgi — Hudaýyň perzentleriniň çalşyp bolunmaýan häsiýetleridir. Umytly gatnaşyklar Biz Hudaý bilen içgin gatnaşyklara girdik we munuň şeýledigine Hudaýyň Sözünde göz ýetirdik diýeliň, emma şeýle gatnaşyklar umytlymy? Ýa-da şu wagt Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolup, birsalymdan soň terk edilen bolup bilnermi? Munuň hemişelik gatnaşykdygyny Mukaddes Kitap görkezýändir. Resul Pawlus şeýle diýýär: «Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys — Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys». Resul özüniň Rimlilere ýazan hatynyň 8-nji babynyň ahyrynda, Hudaýyň perzentleriniň baky goraglydygyny subut etmegini dowam etdirýär, çünki hiç zat, hiç haçan hem bizi Onuň söýgüsinden aýryp bilýän däldir. «Emma men günä edenimde, näme bolup geçýär?» — diýip, siz menden soramagyňyz mümkindir. «Men şonda özümiň ogullyk hukuklarymy terk edip, mundan beýläk Hudaýyň perzendi bolmagymy bes etdirýärinmi?» Ýok. Muny adam maşgalasy bilen deňeşdiriň. Oglan öz ataenesini özüniň gödekligi bilen gaharlandyrýar. Olaryň öýlerine gara bulut aralaşýar. Howa gaty gür bolýar. Atasy bilen ogly gepleşmeýärler. Näme boldy? Oglan ogul bolmaklygyny bes etdirdimi? Ýok. Olaryň aragatnaşyklary üýtgemedi; gürrüňdeşlik bozuldy. Gatnaşyk dogluşdan baglydyr, gürrüňdeşlik bolsa özüňi alyp barmaklykdan. Oglan ötünç soran dessine, bagyşlanjakdyr. Bagyşlanma bolsa gürrüňdeşligi dikeldýändir. Bütin şu wagtyň içinde aragatnaşyk öňküligine galdy. Belki-de, çaga wagtlaýyn gulak asmaýan, hatda boýnyýogyn hem bolandyr, emma ol ogul bolmaklygyny bes etdirmedi. Hudaýyň perzentleri bilen hem edil şeýledir. Biz günä edenimizde, Onuň ogullary hökmünde biz Onuň bilen gatnaşygymyzy terk edýän däldiris. Hawa, tä toba edip, günäni inkär edenimize deňeç, Onuň bilen biziň gürrüňdeşligimiz bozulandyr. «Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar», çünki «kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr. Ol günälerimize, diňe bir biziňkä däl-de, eýsem, bütin dünýäniň günälerine hem bagyşlanma gazandyran gurbandyr» (1 Ýahýa 1:9, 2:1-2). Şonuň üçin, şu günki ýalňyşyňyzy düzetmeklik üçin ertire ýa-da dynç gününe çenli garaşmaň. Munuň deregine, ýykylanyňyzda dyzyňyza çöküň we dessine toba ediň, kiçigöwünlilik bilen Atanyň bagyşlanmasyny gözläň. Ynsabyňyzy arassa saklamaklyga çalşyň. Eger muny başgaça beýan etsek, biz diňe bir gezek aklanyp bilýändiris; emma her gün bize bagyşlanma gerekdir. Haçanda Isa resullaryň aýaklaryny ýuwanynda, Ol muňa oňat mysal getiripdi. Petrus şonda özüniň ellerini we kellesini hem ýuwmaklygyny Isadan sorapdy. Emma Isa şeýle diýip jogap berdi: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, ol bütinleý tämizdir». Iýerusalime baýramçylyga çagyrylan adam, ol ýere gitmezinden ozal ýuwunýandyr. Haçanda ol öz dostunyň öýüne geleninde, oňa ýene bir gezek ýuwunmaklygy teklip etmeýändirler, emma hyzmatkär ony bosagada garşy alyp, onuň aýagyny ýuwýandyr. Haçanda toba edip, ynam bilen Mesihe gelenimizde, biz hem «suwa düşünýändiris» (bu aklanma we suwa çümdürilmäniň daşky nyşanydyr). Ony ýene bir gezek gaýtalamagyň geregi ýokdur. Emma heniz dünýäniň tozanly ýollaryndan ýörerärkäk, biz elmydam «aýaklarymyzy ýuwmalydyrys» (bu gündelik bagyşlanmadyr). Mesihi borçlar Hudaýyň perzendi bolmaklyk — bu täzin aýratyn hukukdyr. Emma ol şeýle-de käbir borçlary hem göz öňünde tutýandyr. Petrus: «…gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň» diýip ýazanynda, hut şuny göz öňünde tutupdy (1 Petrus 2:2). Hudaýyň iň beýik aýratyn hukugy — bu gatnaşyklardyr, beýik borjy bolsa — ösmeklikdir. Hemmeler hem çagalary söýýändirler, emma olaryň mydamalyk gundagda galmaklaryny hiç bir akylly-başly adam isleýän däldir. Ýöne täzeden doglan mesihileriň köpleri hiç haçan hem ösmeklerini dowam etdirýän däldirler. Olaryň ruhy taýdan dargamaklaryndan hatda beýleki adamlar hem ejir çekýärler. Beýleki tarapdan bolsa, biziň Gökdäki Atamyz «Mesihdäki bäbekleriň» «Mesihde ýetişenler» bolmaklaryny kesgitländir. Dogulmaklygyň yzyndan ösmeklik gelmelidir. Aklanmaklygyň aýgytly pursady (biziň Hudaý tarapyndan kabul edilmegimiz) tämizlenmek (biziň mukaddeslikde ösmekligimiz, ony Petrus «halas bolmaklykdaky ösüş» diýip atlandyrýar) ýagdaýyna alyp barmalydyr. Mesihiniň ösmeli bolan esasy iki tarapy bardyr. Birinjisi — düşünmeklik, ikinjisi — mukaddeslik. Biz mesihi durmuşa başlanymyzda, belki-de, Hudaýa az düşünýändiris. Indi bolsa biz Hudaýy we Rebbimiz Halasgär Isa Mesihi tanamaklykda ösmelidiris. Ýaňy aýdylanlar bilen baglanyşykda, men siziň diňe bir Mukaddes Kitaby däl-de, beýleki mesihi edebiýatlaryny hem okamaklygyňyzy maslahat berýärin. Düşünmeklikde ýa-da bilmeklikde ösmekligiň wajyplylydygyny terk etmeklik — bu howp bilen oýun etmekligi aňladýandyr. Durmuşyň mukaddesliginde hem ösmelidir. Täze Ähtiň ýazarlary Hudaý bolan ynamyň, ýakynlaryňa söýginiň we Mesihe meňzeş bolmaklygyň ösmekligi hakynda gürrüň edýärler. Hudaýyň her bir ogly häsiýetinde we hereketlerinde Hudaýyň Özüniň Ogluna gün-günden meňzeş bolmaklygy küýseg edýändir. Mesihi durmuşy — bu dogruçyllyk durmuşydyr. Biz Hudaýyň parzlaryny we Onuň erkini ýerine ýetirmeklige çalyşmalydyrys. Mukaddes Ruh bize şu maksat bilen hem berlendir. Ol biziň tenlerimizi Özi üçin ybadathana etdi. Ol bizde ýaşaýandyr. Biz Onuň erkine boýun bolup, Onuň yzyna eýerenimizde, Ol bizdäki erbet islegleri basyp ýatyryp, olaryň deregine «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» ýaly Öz miwelerini biziň durmuşymyzda ýetişdirýändir (Galatýalylar 5:16, 22-23 seret). Emma biz nädip ösmelidiris? Ruhy ösmekligiň üç sany esasy syry bardyr. Hut şolar hem Hudaýyň perzentleriniň esasy borçlarydyrlar. Biziň Hudaýyň öňündäki borjumyz Biziň Göklerdäki Atamyz bilen gatnaşygymyzyň umytly bolýandygyna seretmezden, ol üýtgewsiz däldir. Ol Öz perzentleriniň Özüni has kän we has ýakyn tanap, ösmeklerini isleýändir. Muňa bolan esasy ýoluň her gün Mukaddes Kitaby okap, dileg edeniňde, Onuň ýanyna gelmeklikdigini mesihileriň nesilleri açdylar. Bu ösüşi isleýän mesihiler üçin çalşyp bolmaýan wajyplykdyr. Biziň ählimiz hem şu wagt gaty işlidiris, emma biz wajyp işlerimiziň ýerini çalşyp, Hudaýa ýakynlaşmaklyk üçin wagt tapmalydyrys. Bu diýmeklik, gaty berk tertip-düzgünlilik gerek bolar diýmekligi aňladýandyr, emma bizde düşnükli Mukaddes Kitap bilen irden turuzmaklyk üçin oňat işleýän jaň bilen, özümiziň ýeňiş ýolundan gidýändigimize ynamlylyk bolar. Mukaddes Kitaby okamaklyk bilen dilegiň arasyndaky deňagramlylygy saklamaklyk gaty wajypdyr, çünki Mukaddes Kitap arkaly Hudaý biziň bilen gürleşýändir, dileg arkaly bolsa biz Onuň bilen gürleşýändiris. Bu deňargamlylygy saklamaklygyň dürli usullary bardyr. Okamaga başlamazyňyzdan ozal dileg ediň, Mukaddes Ruhdan gözleriňizi açyp, aklyňyzy aýdyň etmegini soraň. Onsoň howlukman, oňat oýlanyp okaň. Oňat terjimeleri ulanyň. Özüňize kömek hökmünde düşündirişleri tapsaňyz has-da gowy bolar. Onsoň okan aýatlaryňyzyň manylaryny durmuş ýaşdaýlaryňyz üçin ulanmaklyga synanyşyň. Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň wadalaryny gözläň, ýerine ýetirmeli parzlara üns beriň, görelde alar ýaly mysallary agtaryň we terk etmeli günäleriňizi biliň. Ähli bilen zatlaryňyzy ýazyp goýmaklyk üçin depder ulanmaklyk gaty peýdalydyr. Iň köpi — Isa Mesihi gözläň. Ol — Mukaddes Kitabyň esasy mowzugydyr. Biz Mukaddes Kitapda Onuň diňe bir Özüni açyşyny tapman, eýsem Onuň bilen şahsy duşuşyp hem bilýändiris. Munuň yzysüre, elbetde, dileg gelýändir. Hudaýyň ýaňyja özüňize aýdanlaryna jogap bermekden başlaň. Gürrüňiň mowzugyny çalyşmaň! Eger Ol siziň bilen Özi we şöhraty hakynda gürrüň eden bolsa, onda Ony şöhratlaň. Eger Ol siziň bilen günäleriňiz hakynda gürleşen bolsa, olara toba ediň. Okaýan wagtyňyzda özüňiz üçin aýan bolan ähli patalary üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. Özüňiziň we dostlaryňyzyň bu sapagy özleşdirmekleri üçin dileg ediň. Siz okan bölegiňiz hakynda dileg edeniňizde, şeýle-de, beýleki dilegler bilen hem dileg edesiňiz gelýändir. Eger Mukaddes Kitap — dilegde siziň birinji kömekçiňiz bolsa, onda gündelik ikinjisi bolar. Hudaý — siziň Ataňyz. Tebigy boluň, ynamdar we batyr boluň. Onuň üçin siziň durmuşyňyzyň her bir kiçijik bölejigi hem gyzyklydyr. Tizara siz garyndaşlaryňyz we dostlaryňyz üçin dilegleriň düzüwini etmelidigiňize düşünersiňiz. Siz özüňiziň wajyp diýip hasaplan adamlaryňyz üçin dileg edersiňiz. Ol düzüwe islän wagtyň ýene bir ady goşup ýa-da aýryp bolary ýaly, ony «ýumşak» etmeklik gaty peýdaly bolardy. Biziň ýygnagyň alnyndaky borjumyz Mesihi durmuş — bu diňe bir siziň şahsy işiňiz däldir. Eger biz Hudaýyň maşgalasynyň agzalary bolan bolsak, onda Hudaý biziň ýöne Atamyz bolup galýan däldir, eýsem dünýädäki her bir milletden we her dinlerden bolan Mesihe ynananlaryň her biri biziň üçin doganlar bolýandyrlar. Mesihiler üçin Mukaddes Kitapdaky iň adaty atlaryň biri — bu «doganlardyr». Bu — beýik hakykatdyr. Mesihiň bütindünýä ýygnagynyň agzasy bolmaklyk ýeterli diýip pikir etmeklik dogry däldir; biz ýerli ýygnaga hem degişli bolmaly. Uniwersitetdäki ýa-da ýene-de bir ýerlerdäki mesihi birleşigiň agzasy bolmaklyk hem ýeterli däldir (siz ol birleşikleriň hem hereketli agzasy bolarsyňyz diýip men umyt edýärin). Her bir mesihiniň ýeri — ýerli ýygnakdadyr we ol onuň seždesine, gürrüňdeşligine we şaýatlygyna gatnaşmalydyr. Belki-de, haýsy ýygnaga birleşeýin diýip, siziň menden soramagyňyz mümkindir. Eger siz öz terbiýäňiz boýunça bir ýygnak bilen baglanyşykly bolsaňyz ýa-da soňky wagtlar oňa gatnan bolsaňyz, onda bu gatnaşygy hiç bir sebäpsiz üzmeklik dogry bolýan däldir. Eger-de siz öz saýlawyňyzda azat bolsaňyz, onda ugur alar ýaly, ine, siziň üçin iki ölçeg. Birinjisi hyzmat edijä degişlidir, ikinjisi bolsa — ýygnaga. Özüňize şeýle soraglar beriň. Ýygnagyň hyzmatkäri Mukaddes Kitabyň abraýyna boýun bolýarmy? Ol onuň hakykatlaryny häzirki döwre degişli edip, gürrüň berip bilýärmi? Hiç bolmanynda, ýygnak Mesihi, bir-birlerini we dünýäni söýýänleriň jemagatyna ýakynmy? Suwa çümdürilmeklik — bu görünýän mesihi jemgyýetine bolan ýoldur. Biz onuň başga manylarynyň hem bardygyna seredipdik, emma eger siz suwa çümdürilmedik bolsaňyz, onda öz hyzmatkäriňiziň özüňizi suwa çümdürmeklige taýýarlamagyny haýyş ediň. Onsoň mesihi jemgyýetine girmeklige özüňize rugsat beriň. Ýygnaga ýa-da ybadathana dynç günleri barmaklyk — bu mesihiniň borjudyr we mesihi ýygnagyň ähli şahalary diýen ýaly, Taňry agşamynyň — Isa tarapyndan galdyrylan we Onuň ölümini bir-birleri bilen gürrüňdeşlikde ýatlamaga kömek edýän merkezi hyzmatdygy bilen ylalaşýandyrlar. Gürrüşdeşlik — bu dynç günündäki wagtyňy gyzykly geçirmeklik diýen ýaly duýgulary sizde galdyran däldirin diýip umut edýärin! Beýleki mesihilere bolan söýgi (muňa öňünden ynanmaklygyň kyn bolýandygyna seretmezden) — bu täze we hakyky başdan geçirmedir. Dürli görnüşlerden, gelip çykyşlardan we ýaşdan ybarat bolan mesihi jemgyýetinde dostlugyň we özara baýamagyň täze çuňluklary açylýandyr. Mesihiniň iň ýakyn dostlary, elbetde, mesihiler bolsalar gerek (elbetde, şeýle-de onuň ýanýoldaşy hem) (mysal üçin, 2 Korintoslylar 6:14 seret). Biziň dünýäniň alnyndaky borjumyz Mesihi durmuş — bu çagalaryň öz Atalary we bir-birleri bilen gürrüňdeşlikden şatlyk alýan maşgala gatnaşyklarydyr. Emma şunuň bilen mesihi jogapkärçiligi gutarýandyr diýip, ýekeje salym hem oýlanmaň. Mesihiler — bu diňe özleri bilen gyzyklanýan ýapyk topar däldirler. Tersine, her bir mesihi ähli adamlar bilen çuňňur gyzyklanýan bolmalydyr. Mesihiniň çakylygynyň bir bölegi hem — onuň elinden gelen kömegi bilen adamlara hyzmat etmegidir. Mesihi ýygnagynyň arkasynda ençeme oňat işler, mätäç bolanlara — garyplara we açlara, syrkawlara, ezilenlere we hukuksyzlara, gullara, türmä basylanlara, ýetimlere, gaçgaklara we ýeke galanlara kömek gizlenýändir. Şu gün hem mesihiler Mesihiň adynyň hatyrasyna gaýgylary we görgüleri ýeňilletmäge synanyşýandyrlar. Emma bize ýene-de el degrilmedik işleriň ummasyz köplügi garaşýandyr. Käwagtlar mesihilige hiç hili gatnaşygy bolmadyklaryň özümiziň Mesihi tanaýandygymyzy tassykalaýan bizden hem kän rehimdarlyk işlerini edýändiklerini utanç bilen boýun almalydyrys. Mesihileriň «dünýä» (Mesihden we ýygnakdan daş bolan adamlary Mukaddes Kitap şeýle atlandyrýar) bolan gatnaşyklarynda ýene bir aýratyn borçlary bardyr — bu Hoş Habary ýaýratmaklykdyr. Bu diýmeklik, Isa Mesih hakyndaky hoş habary adamlara ýetirmekligi aňladýandyr. Isa hakynda we Onuň halas bolmaklygy teklip edýändigi hakynda bilmeýän adamlaryň sany ençeme millionlardan artykdyr. Bu diňe bir Aziýada, Afrikada we Latyn Amerikasynda däldir, eýsem günbatardaky dünýewi jemgyýetinde hem şeýledir. Ençeme asyrlaryň içinde ýygnak edil ýarym ukuda ýaly boldy. Belki-de, biziň neslimiziň döwründe mesihiler ukularyndan doly oýanyp, dünýäni Mesih üçin eýelejekdirler? Belki-de, Onuň siziň özüňiz üçin aýratyn niýeti bardyr, belki-de, siz ýygnak tarapyndan bellenilip, Onuň Hoş Habaryny ýaýradyjy bolarsyňyz? Eger siz okaýan bolsaňyz we bireýýäm öz ýoluňyzy saýlan bolsaňyz, onda oýlanman howlukmaçlyk bilen nädogry kakarlary kabul etmegiňiz gerek däldir. Ýöne öz durmuşyňyzda Hudaýyň erkini açyp, oňa boýun bolmalyga çalşyň. Her bir mesihiniň ruhany ýa-da hoş habarçy bolmaklyga çagyrylmandygyna seretmezden, Hudaý her bir mesihiniň Isa Mesihiň şaýatkäri bolmaklygyny talap edýändir. Özüniň öýünde, uniwersitetde öz dostlarynyň arasynda ýa-da işinde mesihiniň bozulmaz borjy — bu Mesihiň hemişelik we söýgüden doly, kiçigöwünli, dogruçyl durmuşyny alyp barmaklykdyr we Oňa öz dostlaryňy getirmeklige çalyşmaklykdyr. Ol ýüregedüşüji bolman, hormat goýujy we çözgütli bolmalydyr. Dileg etmeklikden başlamalydyr. Öz dostlaryňyzyň bir ýa-da ikisiniň durmuşlary bilen gyzyklanmany Hudaýyň özüňize bermegini soraň. Adatça, eger ol adamlar siziň bilen bir jynsda ýa-da bir ýaşda bolsa oňat bolar. Onsoň olaryň Hudaýa gelmekleri üçin elmydam we maksada laýyklykda dileg ediň; olar bilen bile wagtyňyzy geçirmäge synanyşyň we olaryň özleri üçin olary söýüň. Tizara olary ýygnaga ýa-da haýsydyr bolsa bir duşuşyga çagyrmaga mümkinçilik sizde peýda bolar we olar şol ýerde hoş habaryň düşündirilişini eşidirler. Ýa-da olara mesihi edebiýaty berersiňiz, ýa-da özüňiz üçin Isa Mesihiň kimdigi hakynda, Ony nädip tapandygyňyz hakynda gürrüň berersiňiz. Eger siziň hereketleriňiz dogry bolmasa, onda aýdýan iň owadan sözleriňiziň hem hiç hili peýda getirmejekdigi hakynda meniň size ýatlatmagymyň gerekligi ýokdur diýip pikir edýärin. Mesihiň özgerden siziň durmuşyňyz töwerekdäkilere köp zat hakynda şaýatlyk edip bilýändir, munuň üçin kän sözler hem gerek däldir. Hudaýyň perzentleriniň beýik aýratyn hukuklary we borçlary şulardan durýandyr. Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolan, Gökdäki Atasy bilen ýakyn, wepaly we umytly gatnaşyklaryndan şatlyk alýan mesihi — günde Mukaddes Kitaby okap, dileg etmeklikde tertip-düzgünli bolmaga, maşgalasynyň wepaly agzasy we şol bir wagtyň özünde, mesihi hyzmatynda we şaýatlygynda hereketjeň bolmaklyga synanyşýandyr. Mesihi durmuşynyň bu tassyklamasy ähli mesihileriň duş gelýän käbir kynçylyklaryny düşündirýändir. Eger gysgaça aýtsak, biz iki şalygyň — hem ýerdäki, hem göklerdäki şalygyň raýatlarydyrys. Iki raýatlyk hem biziň üstümize borçlary ýükleýändir we biz bu borçlardan ýüz öwrüp bilýän däldiris. Bir tarapdan, Täze Ähtiň ýazarlary biziň döwletiň, ýolbaşçylaryň we jemgyýetiň öňündäki borçlarymyz hakynda gürrüň berýärler. Mukaddes Kitap bize bu jogapkärçilikden gaçmaklyga rugsat berýän däldir (fiziki taýdan dünýäden aýry bolmaklyk maksady bilen mistisizme, ybadathanalara ýa-da käbir mesihi jemgyýetlere gitmeklik hem Mukaddes Kitap tarapdan goldanýan däldir). Beýleki tarapdan, Täze Ähtiň käbir ýazarlary biziň bu dünýäde «gelmişeklerdigimizi» we «ýaşaýyş jaýymyzyň göklerdedigini», biziň bolsa şol ýere ymtylýandygymyzy ýatladýarlar (mysal üçin, 1 Petrus 2:11; Filipililer 3:20; 2 Korintoslylar 4:16-18 seret). Şeýle-de, biz ýerde hazyna ýygnamaly däldiris, häzirki durmuşymyzyň gaýgylarynda, gaty ruhdan düşmeli hem däldiris. Ýa-da Mesihe çuňlaşyp, bu dünýä üns bermän ýa-da Mesihi ýatdan çykarmaklyk üçin bu dünýä çuňlaşyp, bu ýagdaýy aňsatlyk bilen ýeňilledip bolýandyr. Ýöne bularyň hiç biri hem hakyky mesihi çözgüt bolýan däldir, çünki bularyň ikisi-de mesihi borçnamalarynyň birinden ýüz öwürmekligi teklip edýändir. Mukaddes Kitapdan ugur alýan deňagramly bolan mesihi deň ýaşamaklyga, ýagny şol bir wagtyň özünde hem «Mesihde», hem-de «dünýäde» ýaşamaklyga çalyşýandyr. Ol bularyň hiç birinden hem ýüz öwrüp bilýän däldir. Bu — Mesihiň bizi çagyrýan şägirdiniň durmuşydyr. Ol bize täze durmuşy sowgat bermeklik üçin ölüp, ýene-de täzeden direldi. Şeýle durmuş bilen dünýäde ýaşap bilmekligimiz üçin Ol bize Özüniň Ruhuny berdi. Şu wagt bolsa Ol bizi Öz yzyna eýermeklige, özümizi bütinleý we çäksiz Onuň hyzmatyna bermeklige çagyrýandyr. Bellikler 1. Başgaça aýdanymyzda, resullar Isanyň günäsizdigini subut etmekligiň gerek bolmadyk, öňden bar bolan hakykat hökmünde kabul edýärler. Şonuň üçin hem olar Isanyň günäsizligi hakynda aýratyn şaýatlyklar getirmän, öňden bar bolan maglumatlara goşmaça edip, käbir pikirlerini ýazýarlar. — Terjimeçiniň belligi. 2. Injilde «daň bilen» diýlip terjime edilen. 3. «Pursat geldi» ýa-da käbir dillerdäki terjimeler ýaly «sagadym geldi». — Terjimeçiniň belligi. 4. Şu aýatda asyl nusgada hiç hili işlik ulanylan däldir. — Terjimesiniň belligi. 5. Üçbirlik — Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. — Terjimeçiniň bellidi.