Bu kitap — her birimiziň «öz belentliklerimizde» ýaşamagymyzyň öň ýanyndaky başdan geçirmeli syýahaty ajaýyp beýan edýän göçme manyly hekaýadyr. Biz baş gahrymanyň we onuň iki ýoldaşlarynyň yzlaryna düşmeklik bilen nädip gorkulary ýeňip, söýginiň, şatlygyň we ýeňşiň belentliklerine baryp bolýandygyny bileris.
Hanna Harnard
SENIŇ BELENTLIKLERIŇE ÝOL
Giriş
«Ol meniň aýaklarymy keýigiň aýaklary kimin berk edýär, meni belent ýerlerde duruzýar»
Bir gün irden biziň Palestinadaky guramamyzda, her günki Mukaddes Kitap okaýan wagtymyzda, bir kiçijik arap şepagat uýasy «Şu günüň yşygy» atly kitabynda Süleýmanyň aýdymlaryndan bir aýady okady: «Söýgülimiň sesi! Ine, ol daglaryň üstünden towsaklap gelýär» (Sül. aýd. 2:8). Munuň näme aňladýandygyny ondan soranlarynda, ol gözlerini galdyryp, bagtly ýylgyryş bilen: «Bu biziň Halasgärimiziň söýgüsiniň ýeňip bilmejek hiç hili böwediniň ýokdugyny aňladýandyr. Onuň üçin daglar kimin kynçylyklar hem edil göni ýol ýalydyr!» diýdi.
Garizim dagynyň eteginde ýerleşen guramamyzyň jaýynyň arkasyndaky bagdan biz ýeňillik bilen daşlardan daşlara bökýän keýiklere ýygy-ýygydan syn edip bilýärdik. Olaryň ýeňillik bilen amala aşyrýan hereketleri meni gaty haýran galdyrdy.
Söýgüler Taňrysyny söýýän we Onuň yzyna eýermek isleýän biz hem daglarça kynçylyklary, synaglary we durmuş dawalaryny şunuň ýaly şadyýanlyk we ýeňillik bilen başdan geçirmekligi neneň küýseýäris! Ýeňişli durmuşyň syrlaryny bilmeklik Taňryny söýýän ähli nesilleriň ýürek arzuwydy.
Şu durmuşymyzda söýginiň Belenliklerinde ýaşamaklyk mümkinçiligi üçin biz ähli zadymyzdan geçmäge-de taýyn ýalydyrys. Ýamanlygy, gaýgyny we ähli erbet zatlary ýeňillik bilen ýeňip, bar zat üçin Hudaýa şükür etmekligi bütin ýüregimiz bilen isleýäris. Biz, ýagny Hudaýy söýýänler, durmuşymyzda ikinji derejeli sebäpleriň ýokdugyny gowy bilýäris. Durmuşymyzdaky ähli kynçylyklaryň, adalatsyzlyklaryň, gödekligiň, manysyz we gazanylmadyk ejiriň ýöne ýere däl-de, bularyň biziň Hudaýymyza ýakynlaşmagymyz, bular arkaly Ony oňadrak tanamaklygymyz üçindigine biz düşünýäris.
Süleýmanyň aýdymlary[1] her bir ynsan ýüreginde ýaşaýan islegi beýan edýär: Hudaýyň Özi bilen bir bolmaklyk, Hudaý bilen kämil we hiç kim tarapyndan ezýet ýetirilmedik birligi bilmeklik. Ol bizi Özi üçin ýaratdy we ýüreklerimiz tä Ony tapýança, biz hiç haçan rahatlyga eýe bolup bilmeris.
Hudaý öz çagalarynyň käbirleriniň bu çuňňur birligi nikadaky tebigy adam söýgüsiniň kämil güllemegi arkaly bilmeklerini isleýär. Käbirleri üçin bolsa bu birligi olaryň maşgala gurmaklyk we ata-ene bolmaklyk isleglerinden doly el üzmeklikleri bilen tanamaklary Hudaýyň erki hem bolup biler. Ynsan ýüreginde kök uran hut şu söýgä görä, biz esasan, Hudaýyň Özüni beýleki zatlardan has güýçli söýmekligi we Ony küýsemekligi öwrenip bilýäris.
Emma biz özümiziň «men-menligimizi» günä üçin nähilidir bir usullar bilen öldürmeklik ýa-da öz erkimizden el üzmeklik bilen ýeňiş we söýgi Belentliklerine ýetip bilmeýändiris. Ýeke-täk ýol — bu Hudaý tarapyndan iberilýän hakyky şertleri we synaglary kabul etmekligi gün-günden öwrenmeklikdir. Hemişe, ýene we ýene öz erkimize däl-de, günde bile işleşmeli bolýan adamlarymyz we biziň bilen bolup geçýän ähli zatlar görnüşinde peýda bolýan Hudaýyň erkine boýun bolmaklygy kabul etmeklikdir. Her gezek biz Onuň erkini kabul edenimizde, bu biziň üçin gurbanlyk bolýandyr. Özüňden boýun towlap, Onuň erkine boýun bolmaklyk — biziň Belentliklere bolan hereketimiziň serişdesidir. Her bir perzendini bu ýerdäki durmuşynda şol Belentliklere alyp barmaklyk — bu Hudaýyň ýeke-täk arzuwydyr.
Nädip ýamanlygy kabul edip, ony ýeňmeli; gaýgy we ejir bilen tanyşmaly we ahyrynda bolsa, olaryň gaty gymmatbaha zada öwrüljekdigine düşünmek; Söýgüler Taňrysynyň Özüni täzeden bilmeklik we Onuň bilen üzülmeýän birligi baglaşmaklyk üçin şatlyk bilen boýun bolmaklygy öwrenmeklik — ine, bularyň baryny şu kitap öwredýändir. «Belentlikler» we «keýik aýaklary» ölümden soňky asman belentliklerine degişli däldir, emma bular astynda, eger Hudaýyň saýlan ýolundan ýöreseler, onda Onuň perzentleriniň şu ýerdäki, häzirki şöhratly tejribeleri göz öňünde tutulýar.
Belki-de, Taňry bu göçme manyly hekaýany häzir Gaýgy we Ejir bilen bolmaklyga mejbur bolýan, belki-de, tümlükde gitmeklige mejbur bolýan, belki-de, hemmeler tarapyndan terk edilip, özlerini ýeke duýýan söýgülilerini köşeşdirmek üçin ulanar. Bu olara bolup geçýän zatlaryň täze manysyny görmeklige kömek eder. Çünki olaryň başdan geçirýän synaglarynyň bary ajaýyp ýagdaýyň bir bölegidir. Şeýle ýagdaýy başdan geçiren pygamberler Ybraýym we Dawut şadyýanlyk bilen şeýle diýipdiler: «Ol meniň aýaklarymy keýigiň aýaklary kimin berk edýär, meni belent ýerlerde duruzýar» (Mezmur 18:33).
BIRINJI BÖLÜM
«Agşam agy dowam eder...»
Birinji bap
Belentliklere çakylyk
Muňa seretmezden, onuň durmuşynda ýene-de bir has-da uly betbagtçylyk bardy. Ol Elhençler maşgalasynyň agzasydy. Onuň garyndaşlary bütin jülgede ýaýnapdyrlar we şol sebäpli hem Wah-Gorkýan olardan hiç ýerde-de gizlenip bilmeýärdi. Wah-Gorkýan ýetimdi we ol öz ejekesiniň öýünde ulalypdy. Şeýle-de ol öz ejekesinden başga-da, doganoglan uýalary bolan Çytykdyr Gaharjaň we olaryň dogany Gorkak bilen bir öýde ulalypdy. Gorkak bolsa hemişe Wah-Gorkýany elhenç yzarlaýardy we gününe goýmaýardy.
Kemsitme jülgesinde ýaşaýan beýleki maşgalalar ýaly ähli Elhençler hem Baş Çopany ýigrenýärdiler we onuň hyzmatkärlerine ýygy-ýygydan azar berýärdiler. Elbetde, öz maşgalasynyň agzalaryndan biriniň Baş Çopanyň hyzmatyna geçendigi olar üçin uly dil ýeterilme hasaplanýardy. Şol sebäpli hem olar Wah-Gorkýany gününe goýman, ony bu işi taşlamaklyga mejbur edýärdiler.
Ine-de günleriň birinde olar maşgala adyndan Wah-Gorkýana haýbatly talap atdylar: Wah-Gorkýan öz doganoglany Gorkaga durmuşa çykyp, däp bolşy ýaly öz garyndaşlary bilen bile ýaşamaly. Eger ol meýletinlik bilen boýun bolmasa, onda olar güýç ulanmaklygy wada berdiler.
Elbetde, bu baradaky pikir Wah-Gorkýanda gorkyny döredýärdi. Garyndaşlary bolsa ony hemişe titreme ýagdaýyna getirýärdiler we şol sebäpli hem Wah-Gorkýan olaryň diýenine gulak asman, gaýtam olara garşy durmaklygy öwrenmändi. Ol bir burça bukulup, özüniň hiç haçan Gorkaga durmuşa çykmajakdygyny gaýtalaýardy, emma näme bolsa-da, ol öz garyndaşlaryny ýanyndan aýrylmaklyga mejbur edip bilmeýärdi. Şol sebäpli hem bu betbagt gürrüň gaty uzaga çekdi, ahyrynda olar Wah-Gorkýanyň ýanyndan aýrylanlarynda, eýýäm agşam düşüpdi.
Wah-Gorkýan uludan ýeňillik bilen demini alyp, edil şu wagt Baş Çopanyň öz sürülerini suwarmak üçin hemişeki, obanyň çetindäki täsin howdan we şarlawuk boýuna getirdigini ýadyna saldy. Edil şol ýere her gün daňdan gelip, Baş Çopan bilen duşuşyp, onuň isleglerini we şu günüň tabşyryklaryny bilmekligi endik edinipdi. Agşamara bolsa her gün amala aşyran işleri barada hasap berýärdi. Şu wagt howdan boýundaky duşuşyk wagty gelip ýetipdi. Çopanyň özüne kömek etjekdigine, ýagny garyndaşlarynyň ony ogurlap, hyzmatdan gidip, Gorkak bilen nikalaşmaklyga ýol bermejekdigine Wah-Gorkýan ynanýardy.
Gözýaşlaryny süpürmän we heniz hem gorkudan titräp, Wah-Gorkýan gapyny ilip, howdan we şarlawuk tarapa ýola düşdi.
Wah-Gorkýan obadan çykyp, meýdan boýunça gideninde ýuwaş agşam yşygy Kemsitme jülgesini altyn şöhle bilen doldurypdy. Derýanyň aňyrsynda bolsa eýýäm daglar gyzaryp başlapdy. Çuň we dar dag jülgeleri täsin we enaýy saýalar bilen doldurylypdy.
Ýuwaş agşamyň rahatlygy bilen örtülen, gaty gorkan halyndaky biçäre Wah-Gorkýan Çopanyň garaşyp duran ýeri bolan howdanyň ýanyna geldi we özüniň gaty elhenç ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Öz gürrüňini gutaranynda: «Men näme etmeli? Men nädip başymy çykarmaly? Iş ýüzünde olar meni doganoglanym Gorkaga durmuşa çykmaklyga mejbur edip belmeýärler ahyryn, dogry däl-mi?» diýip, aglamaga başlady, çünki bu nika baradaky pikir ony ynjalykdan gaçyrýardy. «Ýok, maňa Wah-Gorkýan diýýändikleri hem ýeterlik! Durmuşymyň ahyryna çenli Gorkagyň aýaly bolmalydygym barada oýlansana! Ýok, bu meniň başarnygymdan artyk!»
«Gorkma, — diýip Çopan ýuwaşja seslendi. — Sen maňa hyzmat edýärsiň ahyryn! Eger sen maňa ynansaň, onda olar seni erkiňe garşy durmuşa çykmaklyga mejbur edip bilmezler. Sen hiç ýagdaýda-da öz öýüňe garyndaşlaryň Elhençleri goýbermeli dälsiň, çünki olar seni öz hyzmatyna alan Şanyň duşmanlary».
«Men bilýän, wah, men bilýän, — diýip Wah-Gorkýan aglady, — emma her gezek öz garyndaşlarymdan birini görenimde, mende edil hiç hili güýç galmaýan ýaly we näçe synanyşsam-da, olara garşy durmaklyga mende ukyp ýok. Heniz men bu jülgede ýaşaýarkam, olar bilen duşuşman bilmerin. Olar hemme ýerde we indi bolsa meni özlerine boýun egdirmek kararyny kabul etdiler. Men hiç haçan öýden ýeke özüm çykmaklyga gaýrat etmerin, meni ogurlarlar öýdüp gorkýan».
Ol kellesini galdyrdy-da, jülgä we derýa batyp barýan gün bilen ýagtylandyrylýan dagyň depelerine nazar salyp, umytsyz küýseg bilen: «Wah, eger men bu Kemsitme jülgesinden hemişelik gaçyp, ähli Elhençleriň we beýleki garyndaşlarymyň baryp bilmeýän Belentliklerine baryp bilsedim!» diýdi.
Wah-Gorkýan bu sözlerini gutaran badyna, Çopan ony haýran galdyryp şeýle diýdi: «Seniň bu sözleri aýtmagyňa men gaty kän garaşdym, Wah-Gorkýan. Jülgäni taşlap, Belentliklere gitmeklik seniň üçin hakykatdan-da gowy bolardy. Meniň özüm seni äkitmäge örän şat. Derýanyň beýleki tarapyndaky dag etekleri — bu Meniň Atamyň Şalygynyň, ýagny Söýgi Şalygynyň başlanýan serhedidir. Ol ýerde hiç hili Elhençler (we Gorkular) ýaşap bilmez, çünki «kämil söýgi gorkuny kowýandyr, sebäbi gorkuda gynanç bardyr».
Wah-Gorkýan haýran galyp, ondan gözüni aýyrmaýardy. «Belentliklere gitmek, — diýip ol gygyrdy, — we şol ýerde ýaşamak? Wah, men muny başaryp bilsedim! Soňky aýlar bu arzuw meni taşlamady. Men bu barada gije-gündiz pikirlenýän, emma bu mümkin däl. Men hiç haçan ol ýere çykyp bilmerin. Men agsak ahyryn!». Bu sözlerden soň ol özüniň betnyşan aýaklaryna seretdi we onuň gözleri ýene-de özüne bolan rehim we lapykeçlik gözýaşlaryndan doldy. «Bu daglar gaty eňňit we howply! Meniň eşidişime görä, diňe keýikler we sugunlar daglarda arkaýyn gezip bilýärler».
Çopan oňa: «Hawa, dogry, Belentliklere ýol hem kyn, hem-de howpludyr. Ol şeýle hem bolmaly, çünki Söýgä garşy bolan her bir zat ol ýere girip, Şalygy basyp almaly däldir. Belentlikleriň ýaşaýjylaryna hakykatdan-da «keýik aýaklary» gerekdir. Mende, elbetde, olar bar, — diýip ol ýylgyrdy, — men edil ýaşajyk keýik ýaly daglarda we baýyrlarda ýeňillik we hezillik bilen bökjekläp bilýärin».
«Emma Wah-Gorkýan, men seniň aýaklaryňy-da keýigiň aýaklary ýaly edip, seni Belentlere çykaryp bilerin. Şonda sen maňa mundan-da oňat hyzmat edip bilerdiň we seniň duşmanlaryňyň hiç biri-de seniň ýanyňa baryp bilmezdiler. Seniň şol ýere gitmekligi öňden bäri küýseýändigiňe men gaty şat we öňräk aýdyşym ýaly, seniň özüňiň aýtmagyňa men garaşýardym. Şonda, — Çopan ýene-de ýylgyrdy-da, sözüni tamamlady, — sen hiç haçan Gorkak bilen duşuşmazdyň».
Wah-Gorkýan oňa düşünmesizlik bilen seretmegini dowam etdirýärdi. «Meniň aýaklarymy keýigiň aýaklary ýaly etjek? — diýip ol gaýtalady. — Emma bu mümkinmi? Eger ol ýerde hiç bir kämil bolmadyk we tegmilli ýaşap bilmeýän bolsa, onda Söýgi Şalygynyň ýaşaýjylary betgelşik ýüzli we egri agyzly kiçijik agsaga nähili serederler?»
Çopan oňa şeýle diýdi: «Dogry aýdýaň, heniz Belentliklerde ýaşamaýarkaň, sen üýtgemeli bolarsyň. Emma sen meniň bilen gitmäge razy bolsaň, onda men saňa kömek etmekligi we seniň aýaklaryňy keýigiňki ýaly etmekligi wada berýärin. Belentliklere näçe ýakynlaşdygyňça, daglaryň ýokarlarynda howa şonça-da arassa bolar we bedeniňi berkedip, saňa güýç berer. Şeýle-de ol ýerde şypa berýän täsin çeşmeler bar, şonuň üçin kim şol ýerde suwa düşse, onuň tegmilleri we betnyşanlyklary yzsyz ýitip gider.
Emma men saňa ýene-de bir zady aýtmalydyryn. Seniň diňe bir aýaklaryň keýigiňki ýaly bolmaklygy ýeterli däl, şeýle-de sen başga at almaly bolarsyň. Çünki Elhençler maşgalasynyň her biriniň bolşy ýaly, Wah-Gorkýan hem Söýgi Şalygyna girip bilmez. Wah-Gorkýan, eger sen Söýgi Şalygynyň raýaty bolsaň, şol ýerde aljak täze adyňa meňzeş bolmaklyga we doly üýtgemeklige islegiň barmy?»
Ol kellesini yryp, ynam bilen: «Hawa, isleýärin» diýdi.
Ol ýene-de ýylgyrdy we çynlakaý sözüni dowam etdirip: «Ýene-de örän wajyp bir zat bar. Eger kimdir biriniň ýüreginde Söýgi güli güllemedik bolsa, onda oňa Söýgi Şalygynda ýaşamaklyga rugsat berilmez. Wah-Gorkýan, seniň ýüregiňde Söýgi ösýärmi?» diýdi.
Bu sözleri aýdanda, Çopan oňa gaty üns bilen seretdi. Wah-Gorkýan onuň gözleriniň özüniň ýüreginiň iň çuňuna aralaşýandygyny we ýüregini özünden hem Çopanyň gowy bilýändigini duýdy. Birnäçe salym ol dymyp durdy, çünki näme diýjegini bilmeýärdi. Aljyraňňylak halda özüne üns bilen seredýän gözlere seretdi we bu gözleriň aýna ýaly ähli zady serpikdirýändigine düşündi. Bu gözlerde Wah-Gorkýan öz ýüregini Çopan nähili görýän bolsa, edil şonuň ýaly görüp bilýärdi. Kän dymmadan soň ol: «Meniň pikirimçe, onda ösýän zat — bu tebigy adam söýgüsiniň şatlygyny duýmaklyga bolan uly höwes. Şeýle-de, meniň söýgüme jogap beren bir adamy beýlekilerden artyk söýmekligi öwrenmeklik. Emma bu höwes belki dogry we tebigydyr, ýöne bu seniň aýdýan Söýgiň dälmikä öýdýän!» Wah-Gorkýan biraz dymdy we titreýän sesi bilen: «Men özümiň söýülmegimi we haýran galdyryjy bolmaklygymy isleýärin, Çopan. Ýöne men özümde seniň diýýän söýgüňi görmeýän bolmaklygym ähtimal. Her ýagdaýda-da, sendäki Söýgä meňzeş zady özümde görmeýän» — diýdi.
«Onda şu wagtyň özünde maňa seniň ýüregiňde Söýgi tohumyny oturtmaga rugsat berermiň?» diýip Çopan sorady. Belentliklere çykýança we tä seniň aýaklaryň keýigiň aýaklary ýaly bolýança birnäçe wagt gerek bolar... Eger men şu wagt seniň ýüregiňde bu tohumy oturtsam, ol ösüp ulalar we edil sen ol ýere barýançaň ol güllemäge taýyn bolar».
Wah-Gorkýan ýygryldy. «Men gorkýan, — diýdi. — Meniň eşidişime görä, eger sen birini hakykatdan-da söýýän bolsaň, onda hiç kime bolşy ýaly, diňe şol adama sen özüňe agyry we şikes ýetirmeklik hukugyny berýärsiň».
«Bu şeýle, — diýip Çopan ylalaşdy. — Söýmek — hakykatdan-da özüňi söýýäniň ygtyýarlygyna bermeklik we ol adam üçin gowşak bolmaklykdyr. Sen bolsa, agyrydan Wah-nädip-gorkýaň, şeýle dälmi ahyryn?»
Ol kellesini yryp, ökünjeňlik bilen: «Hawa, mundan men gaty gorkýan» diýdi.
«Emma söýmek — şeýle bir bagt, — diýip Çopan ýuwaşja aýtdy. — Eger jogap edip seni söýmeýän bolsalar-da, bu bagt. Elbetde, agyry hem bar, ýöne söýgi üçin onuň manysy ýok».
Wah-Gorkýanyň kellesine bir pikir geldi, ýagny ol hiç haçan Çopanyň gözleri ýaly sabyrly gözleri görmändi. Şol bir wagtyň özünde bu gözlerde onuň ýüregine şikes ýetirýän bir zat bardy, ýöne welin munuň näme üçin beýledigine ol düşünip bilmeýärdi. Henizem ol gorkudan ýygrylyp, şeýle diýdi (ol bu sözleri ýaňyltmaç ýaly gaty çalt aýtdy, çünki ses bilen aýtmaklyga çekindi): «Eger jogap edip meni söýmejek bolsalar, onda men söýmäge karar kabul etmezdim. Eger men saňa öz ýüregimde Söýgi tohumyny oturtmaga rugsat bersem, onda sen meniň söýgüme söýgi bilen jogap beriljekdigini wada berersiňmi? Bolmasa men muny göterip bilmerin».
Onuň Wah-Gorkýana gönükdirilen ýylgyrşy şeýle bir mylaýym we ýakymlydy, emma öňküsi ýaly nähilidir bir näbelli sebäbe görä onuň ýüreginde agyry döredýärdi. «Hawa, — diýip Çopan anyk aýtdy, — Wah-Gorkýan, haçanda Söýgi güli seniň ýüregiňde güllemäge taýyn bolanynda we sen özüňiň täze adyňy almaklyga taýyn bolsaň, şonda sen kimdir biri tarapyndan söýlersiň».
Şatlykly titreme onuň bütin durkuny doldurdy. Bu edil bolup bilmejek täsinlik ýaly bolup görünýärdi, emma Çopanyň özi oňa bu wadany berdi. Çopan bolsa aldamaýardy — munuň şeýledigine ol berk ynanýardy. «Haýyş, meniň ýüregime Söýgni oturt» diýip, ol çekinip aýtdy. Älemdäki iň uly bagtyň wada berlendigine seretmezden, ol pahyrjyk, henizem Wah-Gorkýandy.
Çopan goltugyndan bir zat çykardy-da, oňa uzadyp: «Ine söýgi tohumy» diýdi. Seretjek bolup ol aşak egildi, emma birden gygyryp, yza bökjekledi. Onuň eliniň aýasynda hakykatdan-da tohum bardy, ýöne ol uzyn ujy ýiti tikene meňzeýärdi. Ol öňräk hem Çopanyň elleriniň ýara yzlaryndan we sypjyryklardan doludygyna üns beripdi. Indi bolsa ol özüne uzadylan eliň aýasyndaky ýara yzlarynyň göwrüminiň edil şu söýgi tohumynyňky ýalydygyny gördi.
«Bu tohumyň görnüşi gaty ýiti, — diýip, gorkunç bilen aýtdy. Eger sen ony meniň ýüregimde oturtsaň, meniň janym agyrmazmy?»
Ol ýumşaklyk bilen jogap berip: «Ol şeýle bir ýiti welin, ýagny gaty çaltlyk bilen içeri girer. Men saňa eýýäm aýdypdym, ýagny hiç bolmanda birnäçe wagtlap söýgi we agyry bile gezýändirler. Eger sen söýgüni bilmek isleseň, onda agyryny hem bilmelisiň» diýdi.
Wah-Gorkýan tikene seretdi-de, ýene-de yza bökjekledi. Soňra ol Çopanyň ýüzüne seretdip, öz içinden şu sözleri gaýtalady: «Haçanda Söýgi güli seniň ýüregiňde güllemäge taýyn bolanynda, sen kimdir biri tarapyndan söýlersiň». Birden-de ol özünde täze we täsin mertebeliligi duýdy. Ol duýdansyzlyk bilen öňe ädimläp, ýüregini açdy-da: «Haýyş, bu tohumy şu taýda, meniň ýüregimde oturt» diýdi.
Onuň ýüzünde hoşallyk ýylgyrşy peýda boldy we ol şatlyk bilen: «Indi sen meniň bilen Belentliklere gidip, Atamyň Şalygynyň raýaty bolup bilersiň» diýdi.
Soňra ol onuň ýüregine tikeni sokdy. Hawa, onuň aýdyşy ýaly bu ýiti agyryny döretdi. Emma tiken gaty çaltlyk bilen içeri girdi we birden onuň hiç haçan başdan geçirmedik süýji bir zat onuň durkuny doldurdy. Ol ajymtyl süýjüdi, emma süýji köpräkdi. Wah-Gorkýan Çopanyň: «Söýmek — bu uly bagt» diýen sözleri barada oýlandy we onuň keselliniňki ýaly agaran ýaňaklary gyzardy, gözleri bolsa ýalpyldady. Ol edil şazadanyň gyzy ýaly owadanja görünýärdi.
«Sag bol! — diýip seslendi-de, Çopanyň öňünde dyza çökdi. — Sen nähili mylaýym! Sen nähili sabyrly! Bütin dünýäde senden mylaýym we senden oňat hiç kim ýok. Men seniň bilen daglara giderin. Men ynanýaryn, ýagny sen meniň aýaklarymy keýigiň aýaklary ýaly edip, meni, hatda meni Belentliklere çykararsyň».
«Men senden-de gaty şat, — diýip, Çopan sözüni dowam etdirdi, — sen özüňi edil eýýäm şu pursadyň özünde adyňy üýtgedýän ýaly alyp barýarsyň. Emma men saňa ýene-de bir zady aýtmalydyryn. Duşmanlaryň seniň üstüňe çozmazlygy üçin meniň özüm seni dag eteklerine elterin. Ýöne soňra bolsa iki sany täsin ýoldaşlaryň seniň bilen bile bolarlar. Heniz agsaklygyň zerarly çalt ýöräp bilmeýänligiň üçin ol iki ýoldaşyňy men saýladym. Olar dagyň eňňit we howply ýerlerinde saňa kömek ederler.
Wah-Gorkýan, sen meniň bilen hemişe duşuşyp bilmersiň, çünki men saňa aýdypdym, ýagny men daglarda we baýyrlarda bökjekläp, çalt giderin we sen ilkibada meni ýetip bilmersiň. Sen biraz soňra öwrenersiň. Ýöne berk ýadyňda sakla, ýagny Söýgi Şalygynda täsin gatnaşyk ýoly bar: maňa ýüzlenen islendik wagtyň men seni eşidip bilýän. Kömege çagyran wagtyň gelmekligi men saňa wada berýän.
Daglaryň aşagynda meniň iki sany hyzmatkärrim saňa garaşýandyr. Men olara seniň ýol görkezijileriň bolmaklaryny tabşyrdym. Ýadyňda sakla, beýik aladam bilen ol ikisini meniň özüm saýladym. Olar sende keýigiň aýaklarynyň ösmegine ýardam ederler. Sen olary şatlyk bilen kabul edip, seniň kömekçileriň bolmaklaryna rugsat berersiň, şeýle dälmi?»
«Elbetde, — diýip, ol jogap berdi we şatlyk bilen ýylgyrdy. — Seniň ähli zady gowy bilýändigiňi we saýlawyňyň hem hemişe dogrudygyny men bilýärin». Ýene-de şatlyk bilen sözüni dowam etdirip: «Indi hiç haçan gorkmajakdygymy men eýýäm duýýaryn» diýdi.
Çopan ýaňyja öz ýüregine Söýgi tohumyny kabul eden we özi bilen Belentliklere gitmäge eýýäm taýyn bolan kiçijik çopanjyga mähir bilen seredýärdi. Ol onuň bütin durkuny, ýeke galan ýüreginiň her bir kynçylyklaryny görýärdi. Täze ada laýyk gelýän keşbe meňzeş bolmaklygyň uly döwürdigini ondan başga hiç kim gowy bilmeýärdi. Ýöne ol muny Wah-Gorkýana aýtmady.
Soňra ol: «Indi sen öýüňe dolanyp, ýola taýýarlanyp bilersiň, — diýdi. — Öz ýanyň bilen hiç zat almaly dälsiň, ýöne jaýyňy tertibe getir. Hiç kime hiç zat diýme, çünki Belentliklere syýahat gizlin bolmalydyr. Şu pursat men saňa haçan daglara gitjekdigimiziň wagtyny anyk aýdyp bilmerin. Emma bu gaty tizara bolar. Haçan-da men gelip seni çagyran wagtym, sen meniň yzyma düşmeklige taýyn bolmaly. Men saňa gizlin nyşan bererin: seniň öýüňiň ýanyndan geçenimde, men çopan aýdymlarynyň birini aýdaryn we bu seniň üçin nyşan bolar. Aýdymy eşiden dessiňe öýden çyk we bellenen ýere meniň yzym bilen ylga».
Eýýäm agşam aralaşyp, günüň batyp barýanlygy sebäpli, Çopan onuň bilen hoşlaşdy we öz sürülerini ýataga tarap äkitdi.
Wah-Gorkýanyň ýüregi şatlykdan doňup galdy we ol indi özüniň hiç haçan gorkmajakdygyny duýýardy. Meýdan boýunça öýüne gaýdyp, çopanlaryň ulanýan köne aýdym depderçesinden bir aýdymy aýdyp başlady. Şu pursatda bolşy ýaly, bu aýdym hiç haçan şeýle ýakymly däldi.
Aýdym aýdyp barşyna ol birinji meýdançany geçip, eýýäm ikinjiniň ortasyna ýetipdi we birden ol özi tarapa gelýän Gorkagy gördi. Pahyr Wah-Gorkýan! Birnäçe wagtlap ol özüniň nejis garyndaşlarynyň bardygyny ýadyndan hem çykarypdyr. Ine-de olaryň iň gorkunç we nejisi oňaýsyz hereketleri bilen onuň garşysyna gelýärdi. Wah-Gorkýan gaty aljyraňňylyga düşdi. Galyberse-de, has anykdy, ýagny Gorkak hut Wah-Gorkýanyň ýanyna barýardy we ony göreninde Gorkak has-da çalt ýöräp başlady. Birnäçe wagtdan soň ol eýýäm Wah-Gorkýanyň ýanynda durdy.
Gorkudan doňup galan Wah-Gorkýan şu sözleri eşitdi: «Ine-de sen, meniň kiçijik doganoglanym, Wah-Gorkýan! Onda näme, biz ikimiz öýlenerismi? Sen bu barada näme pikir edýäň?» Ol degişýän ýaly edip onuň elinden tutdy, emma hakykatda bolsa ol gaharjaňdy we Wah-Gorkýanyň elini agratdy.
Gorkudan titräp, Wah-Gorkýan yza bökjekledi. Gynansak-da, bu hereket onuň edip biljek işleriniň iň erbedidi, çünki onuň gorkusy doganoglanyny öňküden-de beter gaharlandyrdy we ol ony masgaralap başlady. Eger Wah-Gorkýan doganoglanyna üns bermedik bolsa, onda ol hiç zat edip bilmezdi we tizara onuň özi masgaralamakdan ýadardy. Onsoň ol özüne başga gurbanlyk agtarardy. Ýöne şu wagta çenli gorka üns bermezlik Wah-Gorkýana başartmandy. Şu wagt hem özünde peýda bolan gorkyny ol gizläp bilmedi.
Onuň agaran ýüzi we gorkan gözleri Gorkagyň masgaralamak islegini güýçlendirýärdi. Ine-de Wah-Gorkýanyň ýeke özi we durşuna Gorkagyň yhtyýaryndady. Gorkak Wah-Gorkýany ýene-de tutdy, biçäre Wah-Gorkýan gorky we agyry zerarly gygyrdy. Birden Gorkak elini aýyrdy-da, edil gul ýaly dyza çöken bolup, Wah-Gorkýanyň üstünden gülýärdi.
Olaryň ýanlarynda duýdansyz gelen Çopan durdy. Onuň çynlakaý seredýän gözleri, berk elleri bilen tutup duran çopan taýagy galmagalçy üçin ýeterlikdi. Gorkak urlan it kimin özüne howpsuzrak ýer gözläp, oba tarapa däl-de, eýsem beýleki tarapa ylgady.
Wah-Gorkýan aglap başlady. Elbetde, ol Gorkagyň gorkakdygyny we özüniň Çopany kömege çagyrmalydygyny ýatdan çykarmaly däldi. Indi bolsa onuň köýnegi ýyrtyk, jeňjelçi zerarly elleri bolsa gögerendi. Ýöne bu has-da uly betbagtçylyk däldi. Ony utanç öz gününe goýmaýardy, çünki ol özüni ýene öňki adyna laýyklykda alyp bardy.
Wah-Gorkýana Elhençlere üns bermän, gaýtam olara garşy durmaklyk başartmaýan ýalydy. Ol Çopana seretmäge utandy. Emma ol Çopana seredeninde, onuň nähili rehim bilen seredýändigini görerdi. Ol Söýgi Şasynyň «gaty rehimli we ýüreginiň ýumşakdygyny» bilmeýärdi. Ol hemmeler ýaly özüni biderek gorky üçin käýär öýdüp, çekinip zordan «sag bol» diýdi.
Soňra Wah-Gorkýan Çopana seretmän, batly ses bilen aglap, oba tarap barşyna: «Belentliklere çykmaklyk arzuwymdan näme peýda? Eger şunuň ýaly kiçijik zat meni yzyma gaýtarýan bolsa, men hiç haçan olara çykyp bilmerin» diýip gaýtalaýardy.
Ýöne öýüne geleninde howpsuzlykdadygyny bilip, özüni biraz oňat duýdy. Bir käse çaýdan we nahardan soň özüni şeýle bir rahat duýdy welin, hatda şarlawukda bolan wakalaryň baryny ýadyna düşürip bildi. Birden gyzjagaz täsin we şatlykly tolgunma bilen özüniň ýüreginde Söýgi tohumynyň oturdylandygyny ýadyna saldy. Muny ýadyna düşüren badyna şol öňki süýji bir zat onuň bütin bedenine ýaýrady we ol özüni bir salym ýitirdi.
«Söýmek — bu şeýle bir bagt, — diýip, kiçijik Wah-Gorkýan özüne aýtdy we ýene gaýtalady: — Söýmek — bu bagt». Hasratly günüň duýgularyndan ýadan gyzjagaz öýüni tertibe getirip, ýatmagyň ugrundady.
Emma ýatmazyndan ozal ol köne aýdym derderçeden bir täsin aýdymy ýene we ýene gaýtalap aýdýardy.
Soňra ol düýşsüz çuňňur we rahat uka batdy.
Ikinji bap
Elhençleriň hüjümi
Onuň ýüregine Söýgi tohumyny oturdanlaryndan başlap, ýüreginden şatlyk aýdymlary edil öz-özünden dökülýän ýalydy. Bu täze bagty we minnetdarlygy wasp edýän aýdymlar bolsa, şol köne aýdym depderçedendi. Çopanlar goýunlary öri meýdanlaryna çykaranlarynda, bu aýdymlary aýtmagy gaty halaýardylar. Çopanyň tabşyran ýönekeý tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen Wah-Gorkýan şol aýdymlaryň birini aýdyp başlady.
Iş başynda wagtal-wagtal onuň ýüregi kä şatlykdan, käte näbelli gorky zerarly doňup galýardy. Emma her gezek döşündäki tiken barada ýatlanda şol öňki gizlin süýjüligi duýýardy. Söýgi hatda onuň üçin hem, kiçijik agsak Wah-Gorkýan üçin hem bardy. Haçanda ol Belentliklere ýetende, özüni kemsidýän betnyşanlykdan azat bolup, owadan bolar. Haçanda onuň ýüregindäki tohum ösüp güllände bolsa, kimdir biri onuň söýgüsine jogap berer. Hatda bu barada oýlananynda-da, bu pikirleriň süýjüligine şübheler aralaşýardylar. Bu hiç beýle bolup bilmez. Bu hakykat däl, ýöne diňe owadan düýş!
«Wah, men gorkýan, bu hiç haçan bolmaz» — diýip özüne aýdýardy. Emma Çopan barada pikirleneninde onuň ýüregi ýene-de buýsanýardy we ol meniň yzymdan gelenokmy-ka öýdüp, penjirä ýa-da gapa tarap ylgaýardy.
Daň eýýäm soňuna ýetip barýardy, Çopan bolsa hiç-de peýda bolanokdy. Ýöne welin günüň ikinji ýarymynda elhenç waka bolup geçdi: onuň pis garyndaşlarynyň hüjümi. Heniz ol näme bolýandygyna düşünip bilmänkä, olar onuň üstüne topuldylar. Aýaklaryň dürküldisi we her hili sesler eşidildi, ine-de eýýäm Wah-Gorkýan daýzalarydyr daýylaryndan we doganoglanyndan ybarat bolan goşun tarapyndan gabalgydy. Ýöne olaryň ýanynda Gorkak ýokdy. Wah-Gorkýanyň hut Gorkakdan gaty gorkýandygyny bilip, garyndaşlary ony öz ýanlary bilen almandylar.
Elhençler Wah-Gorkýanyň bu nika baradaky pikirini üýtgetmek isleýärdiler we mümkin boldugyndan ony öz jaýyndan çykaryp, özleriniň jaýlarynyň birine eltjekdiler. Olar heniz Wah-Gorkýanyň ýeke, Çopanyň bolsa öz sürüleri bilen daşda wagty onuň üstüne abanmaklygy çözüpdiler. Gündiziň güni gyzy ogurlamak mümkin däldi, obada Çopanyň hyzmatkärleri gaty köpdi we olar çaltlyk bilen kömege ýetişerdiler.
Muňa seretmezden, Wah-Gorkýanyň garyndaşlary onuň gorkak we güýçsüzdigini bilýärdiler we eger olar köplük bolsalar, onda ony gorkuzyp, jenap Elhenjiň jaýyna gitmeklige mejbur edip bolar diýip pikir etdiler. Ol ýerde bolsa, Wah-Gorkýan dolulygyna olaryň ygtyýarynda bolardy.
Olar bilen bile garry jenap Elhenç hem gelipdi. Garry jenap Wah-Gorkýana özleriniň oňat niýetler bilen gelendiklerini aýtdy. Ol Wah-Gorkýana ýagdaýa gowy düşünýändigini, käbir näsazlyklar barada arkaýyn gürrüň etjekdikleri barada, mümkin boldugyndan ony köşeşdirjekdikleri barada, galyberse-de, hiç kimiň ony erkine garşy durmuşa çykarmajakdygy barada aýtdy.
Ol sözüni tamamlan dessine, her hili oňat sözler bilen Wah-Gorkýany yryp başladylar. Olaryň aýtmaklaryna görä, ýagny Wah-Gorkýan köpden bäri öz garyndaşlaryndan aralaşypdy we şol sebäpden hem onda olara we olaryň duýgularyna bolan her hili nädogry düşünjeler peýda bolupdyr. Eger Wah-Gorkýan olar bilen bilelikde köpräk wagtyny geçirse, onda olar aýdýanlarynyň dogrudygyny subut edip bilerdiler.
Mümkin, Gorkak hem has owadan däldir we ol ertekilerdäki şazadalara-da meňzeýän däldir. Onuň gödekligi hem dogry. Bularyň barynyň sebäbi ýekeje zatdadyr, ýagny Gorkak heniz nikanyň oňat täsirini duýmandy. Maşgala durmuşynyň borçlary we şatlygy tizara ony üýtgeder. Olaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu üýtgeşiklige öz goşandyny goşup bilýändigi Wah-Gorkýan üçin uly abraý bolmalydyr.
Bütin garakçylar topary dynman gürlediler welin, biçäre WahGorkýan olaryň ortasynda ýygrylyp otyrdy we şeýle bir geň galypdy welin, hatda olaryň diýýänlerine-de zordan düşünýärdi. Olar gaty ýürege düşüpdiler welin, ahyrsoňy Wah-Gorkýan hiç zada düşünip bilmän, gorky astynda galdy. Olar ýene biraz wagtdan soň özüniň başaryp bilmeýän işine, ýagny Gorkagyň mynasyp adamdygyna Wah-Gorkýany yrjaga meňzeýärdiler. Birden daşdan bir zadyň täsiri astynda hemme zat saklandy.
Elhençler Wah-Gorkýanyň öýüne girenlerinde gapyny berk ýapypdylar, hatda ýesiriň gaçmazlygy üçin gapyny gulplapdylar. Emma birden olara bir erkek adamyň sesi eşidildi, ol Wah-Gorkýanyň gowy bilýän we halaýan çopan aýdymlarynyň birini aýdýardy. Soňra ýuwaşlyk bilen gelýän aýdymçynyň özi-de göründi. Bu baş Çopandy. Ol eýýäm öz sürülerini suwa ýakmaga şarlawuga eltýärdi. Goýunlaryň mylaýym mäleme sesleri we olaryň aýaklarynyň dükürdisi bilen sazlaşýan bu aýdymyň sözleri göni äpişgä ugrukdyrylandy.
Haçanda Çopan öz aýdymy bilen Wah-Gorkýanyň öýüniň ýanyndan geçeninde, tomsuň ýuwaş gününiň beýleki ähli sesleri edil bes edilen ýalydy. Öýdäki ses bolsa dessine bes edildi we onuň yzysüre el bilen tutup bolýan ýaly ümsümlik peýda boldy. Ine onuň aýdan aýdymy:
Öz öýünde bu aýdymy eşidip oturyp, Çopanyň ony özi bilen daglara çagyrýandygyny Wah-Gorkýan duýdansyz agyry bilen aňlady. Bu Çopanyň oňa aýdan şol gizlin nyşanydy we ol ony eşiden dessine ýola düşmeklige taýyn bolmalydy. Ine-de ol indi öz Elhençleri (Gorkulary) bilen gabalan öýünde gulplanan gapynyň aňyrsynda otyr. Ol Çopanyň sesine hiç-de jogap berip bilenokdy ýa-da hiç bolmanda özüniň betbagtçylykdadygyny hem oňa ýetirip bilenokdy. Hakykat-da bolsa Wah-Gorkýanyň Çopany çagyrmaga bir pursady bardy: aýdymyň indi başlap, hemmeleriň dyman wagtydy. Wah-Gorkýan Çopany kömege çagyrmazmy diýip, Elhençleriň garaşyp, demlerini gysandygyny Wah-Gorkýan bilenokdy. Eger ol muny eden bolsady, onda olar janlaryny halas etmek üçin her haýsy bir tarapa pytrardylar. Ýöne welin beýle mümkinçiligi ulanar ýaly ol öz gorkulary bilen berk baglanandy, soňra bolsa eýýäm giçdi...
Soňky pursadyň içinde Wah-Gorkýan Nejisiň agyr eliniň onuň agzyny berk ýapandygyny, beýleki elleriň bolsa ony kürsüde berk saklaýandyklaryny duýdy. Şeýlelik bilen Çopan şertleşilen aýdymyny aýdyp, äpişgä seretdi-de, hiç hili jogap alman, ýuwaşlyk bilen jaýyň ýanyndan geçip gitdi. Haçanda ol gidende, aýdymyň sözleri daşda bes edilende we goýunlaryň mälemesiniň eýýäm eşidilmesi galandan soň, Wah-Gorkýanyň bihuş bolandygy aýan boldy. Doganoglany Nejis özüniň äpet elleri bilen biçäräni tas bogup öldüripdi. Wah-Gorkýanyň huşundan giden pursadyndan peýdalanyp, Elhençler ony öz ýanlary bilen äkitjekdiler, emma bu has howpludy, çünki şol sagat hemmeleriň işinden öýlerine dolanyp gelýän wagtydy. Şonuň üçin Elhençler tä garaňky düşýänçe, Wah-Gorkýanyň öýünde galmaklygy, soňra bolsa onuň agzyny mata bilen bekläp äkitmegi çözdüler.
Haçanda olar şeýle karara gelenlerinden soň, ýesiriň tizräk özüne gelmegi üçin ony düşek üstünde ýerleşdirdiler. Şol wagtyň özünde daýzalarydyr doganoglanlarynyň käbirleri garbanmak üçin bir zatlar taparys diýen umyt bilen aşhana girdiler. Erkekler öýüň myhmanhanasynda çilim çekýärdiler, Çytygy bolsa ýesiri goramak üçin ýatylýan otagda galdyrdylar.
Ýuwaş-ýuwaşdan Wah-Gorkýan özüne gelip başlady we öz ýagdaýyna düşüneninde ýene-de täzeden tas bihuş bolupdy. Ol kömege çagyrmaga gaýrat etmedi, çünki goňşularynyň bary işdediler. Emma bu şeýlemi-kä? Ýok, wagt eýýäm onuň pikir edeninden gijräkdi, çünki ol birden golaýyndaky jaýda ýaşaýan goňşysy hanym Dogumlynyň sesini eşitdi. Bu sesleri eşideninde Wah-Gorkýan ýesirlikden azat bolmak üçin güýjüniň baryny toplady.
Çytyk ýagdaýyň şeýle üýtgemegine hiç taýyn däldi we heniz ol näme bolýandygyny aňlaýança, Wah-Gorkýan ýerinden turup, öz gorkusyny ýeňip bildiginden batly gygyrmaga başlady: «Dogumly! Dogumly! Maňa kömek et, gelsene! Tizräk, kömege!»
Bu gykylygy hanym Dogumly eşitdi-de, yzyna öwrülip aýnada gorkudan ýaňa agaran Wah-Gorkýanyň ýüzüniň we kömege ymtylýan eliniň bir salym peýda bolup, onsoň ýene-de ýitendigine üns berdi. Soňky gezek gyzyň ýüzi birbada görnüp ýitenden soň aýnanyň perdeleri çaltlyk bilen ýapyldy. Ady häsiýeti barada doly gürrüň berýän hanym Dogumly üçin bu ýeterlikdi. Ol göni öz goňşusynyň öýüne tarap ylgady. Içeri girmäge synanyşdy welin, gapynyň gulpludygyna göz ýetirdi. Äpişgeden seredip, otagyň Wah-Gorkýanyň garyndaşlaryndan doludygyny gördi.
Kimdir birini gozkuzýan hem bolsa, özüniň aýdyşy ýaly «biderek Elhençler sürüsi» hanym Dogumly üçin hiç zat hem däldi. Kellesini göni äpişgeden sokup, haýbatly sesi bilen: «Gümüňizi çekiň bu öýden! Tiz! Ýekejäňizem galmaň! Üçe çenli sanaýançam gitmeseňiz, men Baş Çopany çagyraryn. Bu öý oňa degişlidir. Eger ol sizi şu ýerden tapaýsa, wah, oňatja temmiňizi alardyňyz!»
Onuň sözleri olara jadyly täsir etdi. Öýüň gapysy giňden açyldy we janlaryny halas etmegiň ugrundaky Elhençler biri-birleriniň aýaklaryny depeläp, gaçmak bilen boldular. Hanym Dogumly olaryň masgaraly gaçyşlaryna seredip, keýp edip güldi. Olaryň iň soňkusy öýden çykanda, hanym Dogumly gorky we betbagtçylyk zerarly ruhdan düşen Wah-Gorkýanyň öýüne girdi. Ýuwaş-ýuwaşdan ol Wah-Gorkýanyň başdan geçirenleri we onuň ogurlanmagy baradaky gürrüňler bilen tanyşdy.
Hanym Dogumlynyň özi gorky duýgusy bilen tanyş däldi we ol garakçylar topary bolan Elhençleriň baryny ýeňillik bilen gaçmaklyga mejbur etdi. Tutulmazyndan ozal öz garyndaşlaryna garşy durmanlygy we mynasyp jogap bermänligi üçin hanym Dogumly ýeňilkelle gyzjagaza käýejekdi. Emma ol titräp duran Wah-Gorkýana seredeninde we onuň agaran ýüzüni, gorkudan ýaňa ulalan gözlerini görende, öz-özünden sorady: «Bu barada oňa aýdanyň näme peýdasy bar? Ol hiç haçan-da beýle ýaşap bilmez, biçäre, çünki ol hem olaryň biri ahyryn! Gorky onuň ganyndadyr, haçanda duşman seniň içiňde bolsa — ýagdaý gaty erbet. Meniň pikirimçe, oňa Çopandan başga hiç kim kömek edip bilmez» diýip oýlandy.
Şonuň üçin hanym Dogumly bir zatlar öwretmegiň deregine titreýän gyzjagazyň egnine kakdy-da, enelik ýüreginiň bütin mylaýymlygy bilen: «Indi, meniň mähribanym, sen özüňe gel, men bolsa aşhana seredeýin-de, oňatja çaý demläýin. Saňa tizara ýeňil bolar» diýdi. Ol aşhananyň gapysyny açyp, saçagy we çagyrylmadyk myhmanlar tarapyndan heniz iýlip ýetişilmedik nygmatlary göreninde: «Be! Olar eýýäm bu taýda-da bolupdyrlar! Biziň üçin çaý hem goýupdyrlar» diýdi.
Hanym Dogumly gahar bilen: «Wah ýyrtyjylar sürüsi» diýip, içini gepletdi we olaryň nädip özünden ökje göterendiklerini ýadyna salyp, hoşallyk bilen ýylgyrdy. Olar tä çaý içip bolýançalar we gorkusyz goňşusy garaşylmadyk hüjümiň soňky yzlaryny çaltlyk bilen süpürişdirip bolýança, Wah-Gorkýan doly diýen ýaly özüne gelipdi. Eýýäm daşarda garaňky bolupdy we Çopanyň ýanyna, ýagny şertleşilen ýere baryp, näme üçin onuň sesine jogap bermändigini düşündirmäge gaty giç bolupdy. Indi bolsa ol daňa garaşmalydy.
Şeýlelik bilen, hanym Dogumlynyň maslahaty boýunça Wah-Gorkýan ýatdy. Geçen günüň wakalary ony hakykatdan-da haýran galdyrdy. Goňşusy ony körpe bilen ýapyp, hoşlaşmak üçin ogşady. Hatda ol şu gije onuň bilen galmaklygy-da teklip etdi, emma goňşusynyň öýünde oňa maşgalasynyň garaşýandygyny bilip, Wah-Gorkýan beýle teklibi kabul etmedi. Ýöne muňa seretmezden, hanym Dogumly Wah-Gorkýanyň düşeginiň ýanynda jaňjagaz goýdy. Eger gije kimdir biri oňa azar bermekçi bolsa, onda Wah-Gorkýanyň şu jaňjagazy kakmaklygynyň ýeterlikdigini we şol pursadyň özünde Dogumlylaryň bütin maşgalasynyň kömege geljekdigini aýtdy. Soňra ol öýüne gitdi, Wah-Gorkýanyň bolsa ýeke özi öýde galdy.
Üçünji bap
Gijeki gaçyş
Bir ýada iki sagatdan ol birden howsalaly ýagdaýda böküp turdy we öň duş gelmedik azaply agyryny duýdy. Onuň ýüreginde tiken çydap bolmaýan ýagdaýda sorkuldaýardy we ýüregiň işleýşi ýaly dürküldeýärdi. Edil bu agyry Wah-Gorkýanyň öňräkki aljyraňňylygy zerarly düşünip bilmedik zadyny aýdýan ýalydy. Onsoň duýdansyz ýagdaýda ýalpyldy ýaly onuň kellesine bir pikir geldi. Ol: «Wada berşi ýaly Çopan gelip, meni çagyrdy, men bolsa öýden çykmadym we hiç hili jogap hem bermedim! Ol birden men indi onuň bilen gitmerin diýen karara gelendirin öýtdümi-kä? Ol mensiz gitdimi-kä? Mensiz gitdi! Hawa, ol meni taşlap gitdi».
Bu pikirler ony gaty kyn ýagdaýa goýdy. Ine şu-da onuň hiç ýadyna düşürip bilmedik zadydy. Onuň aýdyşy ýaly näme üçin öýden çykmandygyna ol düşünip bilmeýärdi.
Özüniň wajyp iş boýunça daglara gitmelidigi sebäpli, bir gezek çagyranyndan Wah-Gorkýanyň wagty saklaman, şol pursatda onuň yzyna düşmekligini Çopan haýyş edipdi. Wah-Gorkýan bolsa hatda hemişekisi ýaly şarlawugyň boýuna-da baryp bilmedi.
Elbetde, ol Wah-Gorkýan gorkandyr öýtdi. Onuň ýeke özi giden bolaýmagy mümkin! Wah-Gorkýan üşäp, onuň dişleri takyrdaýardy, emma onuň has elhenç betbagtlygy-da — onuň ýüregindäki agyrysydy. Bu agyry ony edil bogup barýan ýalydy. Sowukdan we gorkudan titräp, Wah-Gorkýan düşeginde oturdy. Eger Çopan ony taşlap, ýeke özi giden bolsa, onda ol muňa çydap bilmezdi.
Onuň gapdalyndaky tekjede köne aýdym depder ýatyrdy. Wah-Gorkýan çyranyň yşygynyň ýagtysyna seredeninde, onuň özi ýaly çopanjyk baradaky aýdymly sahypasynyň açykdygyny gördi. Bu gyzjagaz hem Wah-Gorkýan ýaly söýgi çakylygyna seslinip bilmändi, soňra bolsa söýgüsiniň gidendigine düşünýär, emma indi giçdi.
Wah-Gorkýan üçin bu aýdym hemişe gaýgyly görünýärdi, şol sebäpli hem ol muny zordan aýdýardy. Emma indi ol bu sözleri gijäniň garaňkysynda we ýekeliginde täzeden okanda, edil özüniň betbagt we gorkan ýüreginiň çagyryşy ýalydy.
Şu taýda beýleki sahypany açmalydy, emma Wah-Gorkýan muny etmedi. Birden ol özüniň näbelliligi göterip bilmejekdigini duýdy. Çopanyň hakykatdan hem gidendigine ýa-da ýokdugyna onuň özi tizara göz ýetermelidi. Wah-Gorkýan düşeginden böküp turdy-da, titreýän elleriniň başarnygyndan ol çaltlyk bilen geýindi. Girilýän gapyny açdy. Ol hem köçäniň «uzak we uzyn ýoluna» düşer — ony tapmazmyka? Göz ýetirmelidi, ýagny ol ony taşlap gitdimi ýa-da... Wah, eger bu mümkin bolsady! Belki ol oňa garaşýandyr, belki-de ýene bir mümkinçilik berer?
Gapyny açyp, ol garaňkylyga ädim ätdi. Bu çöllük köçede gizlenen ýüzlerçe Gorkaklar şu pursatda ony yzyna gaýtmaklyga mejbur edip bilmezdiler. Çünki onuň ýüregindäki agyry özi bilen ähli zady, hatda gorkuny-da ýapypdy we ygtyýarlyk bilen öňe alyp barýardy. Şeýlelik bilen, daňa golaý sagadyň garaňkylygynda Wah-Gorkýan Çopanyň gözlegine ýola düşdi.
Obanyň köçeleriniň bir çetinden beýleki çetine entäp, özüniň agsaklygy zerarly ol çalt ýöräp bilmeýärdi. Gidip barşyna Wah-Gorkýan: «Eý, Çopan, söýgi we agyry bilelikde gidýändirler diýip, sen gaty dogry aýdypdyň» diýip, öz-özüne pyşyrdaýardy. Eger ol munuň nähili boljakdygyny öňünden bilen bolsady ýa-da azajyk bolsa-da, göz öňüne getirip bilen bolsady, onda ol öz ýüregine Çopanyň tikeni oturtmagyna razy bolardymy? Tiken eýýäm ol ýerdedi. Söýgi hem, agyry hem ol ýerdedi we indi ol hökman Çopany tapaýmaly. Ahyrynda, ol ýyldyzlaryň çalaja yşygynda agsap, zordan demini alyp, sessiz we üýnsüz ýatagyň ýanyna bardy. Ol ýerde goýunlary gijesine goraýan bir ýa-da iki çoluk bardy. Ýakynlaşyp gelýän aýak seslerini eşidenlerinde olar ýerlerinden turup, çagyrylmadyk myhmana garşy çykdylar.
«Kim sen» diýip olar garaňkylykda soradylar. Soňra bolsa, olaryň çyralarynyň yşygy Wah-Gorkýanyň agaran ýüzüni we gorkudan doly gözlerini ýagtylandyranynda, olar haýran galyp seretdip durdular.
«Baş Çopan şu taýdamy?» diýip, ýatagyň diwaryna ýapyşyp, uludan demini aldy.
«Ýok. Şu gije ol bize tabşyryk berdi-de, goýunlary bize galdyrdy. Özi bolsa hemişekisi ýaly daga gitdi we haçan dolanjakdygyny hem bize aýtmady» diýip, garawul ikirjeňlik bilen Wah-Gorkýana bakdy.
Wah-Gorkýan gürlemeklik ukybyny ýitirdi. Ol iňledi we elini ýüregine goýdy, ýüregi edil şu pursadyň özünde ýaryljak ýaly bolup görünýärdi. Indi ol näme etmeli? Ol gitdi! Ol Wah-Gorkýan özi bilen gitmez öýdüp, garaşman gidipdir. Umytsyzlygyň agyrysyndan titräp, Çopanyň ýüzüni we onuň özüni daglara äkitmäge çagyran pursadyndaky bakyşynyň mährini we söýgüsini ýatlap, ýatagyň diwaryna söýenip durdy.
Onuň kellesine şeýle pikir geldi: özüne şeýle gowy düşünýän, özüniň gorkularyny bilýän we oňa haýpy gelen adam hiç haçan tä onuň meýletin halda bile gitmeklikden el çekendigine göz ýetirmezden gidip bilmezdi. Ol gözlerini galdyryp, jülgä we onuň aňyrsyndaky gündogar daglaryna we Belentliklere seretdi.
Gündogarda yşygyň inçe zolagy göründi we Wah-Gorkýan tizden günüň dogjakdygyny bildi. Birden ol özüniň sahypasyny geçirmedik aýdymyň iň soňky beýdini ýadyna saldy. Ýanyndaky jeňňelligiň arasynda bir kiçijik guşjagaz owazyna başlan pursady, bu aýdym onuň ýadyna düşdi.
Wah-Gorkýan titremegini bes edip, özüne: «Şarlawugyň ýanyna baraýyn we serediýin, ol maňa garaşmaýarmy-ka» diýdi. Garawullar bilen bir agyz sözleşip, ol yzyna öwrüldi-de, goýunlaryň suwa bakylýan çeşmesine, öňräkki Gorkagyň duşan meýdançasy boýunça günorta tarap ylgady. Özüniň agsaklygyny ýatdan çykaran ýaly çeşmäni büreýän agaçlara tarap ylgady.
Hut daglaryň üstünde asman gyzaranynda, onuň gulagyna aşak inýän suwuň şatlykly şaggyldysy eşidildi. Öňe ylgamak bilen birden Wah-Gorkýan özüniň ýüreginden aýdymlaryň joşup dökülýändigini aňdy. Ol şol ýerdedi. Ol çeşmäniň boýunda Wah-Gorkýana seredip durdy we onuň ýüzünde daň şapagy şöhle saçýardy. Wah-Gorkýan büdräp ýykylanda, Çopan oňa tarap ýöredi. Wah-Gorkýan onuň aýagyna ýykylyp: «Eý, Hojaýynym, wada berşiň ýaly meni özüň bilen al. Meni şu taýda taşlama!» diýdi.
Ol mähir bilen: «Men seniň geljekdigiňi bildim. Emma näme üçin sen düýn çeşmäň boýuna gelmediň? Men seniň öýüňiň deňinden geçip, seni çagyranymda, sen eşitmediňmi näme? Şu gün irden, günüň dogan çagynda ýola düşmeklige seniň taýyn bolmalydygyňy aýtmak isledim» diýdi. Heniz ol gürleýärkä, dagyň beýiklikleriniň üstünden gün doly ýaşypdy we olaryň ikisiniň üstünden hem özüniň täsin altyn şöhlelerini dökýärdi.
Henizem onuň aýaklaryndan galman, Wah-Gorkýan: «Men şu taýda we men seniň bilen nirä gitmeli bolsam-da giderin» diýdi.
Şonda Çopan ony elinden tutdy we olar bilelikde daglara tarap ýola düşdüler.
Dördünji bap
Ýoluň başlangyjy
Bir gezek Çopan aşak egilip, mähir bilen barmaklaryny güllere degrip, ýylgyryp Wah-Gorkýana: «Özüňi aşak tut we Söýgüniň seniň aýaklaryň astyna haly ýazýandygyny aýan edip bilersiň» diýdi.
Wah-Gorkýan oňa çynlakaý seretdi. Ol şeýle diýdi: «Men käte meýdan otlary barada pikirlenerdim. Hakykatdan-da, bu düşnüksiz zat, çünki şeýle köp güller ýeriň ýabany künjeklerinde gülleýärler. Olary hiç kim hiç haçan görmeýär, goýundyr mallar bolsa olary basyp, ýençýärler. Olar ençeme owadanlygy we mähri sowgat edip bilerdiler, emma olarda sowgat eder ýaly hiç kimi ýok, hatda olara baha berer ýaly-da hiç kim ýok».
Çopanyň Wah-Gorkýana bolan bakyşy aýratyn owadandy. Ol ýuwaşja: «Meniň Atamyň ýaradan zatlarynyň hiç biri biderek ýitmez. Hatda şu kiçijik güller hem bize täsin sapak berip bilerler. Baha berer ýaly olaryň hiç kimi bolmasa-da, olar mähir we ynam bilen özlerini teklip edýärler. Edil özlerine aýdýan ýaly, olar seniň söýgüňe söýgi bilen jogap bermeseler-de, söýmekligiň nähili bagtdygy barada aýdym aýdýan ýaly.
Köpleriň düşünmeýän bir beýik hakykatyny men saňa aýtmaly. Adam kalbynyň iň owadan zatlary, onuň beýik ýeňişleri we iň oňat gazançlary şudur — eger olar barada hiç zat bilmeýän bolsalar ýa-da zordan aňlaýan bolsalar. Adam ýüreginiň Söýgä bolan her bir seslenmesi we söýgi üçin «men-menligi» ýeňen her bir ýeňşi — bu Söýgi agajynyň bir gülüdir.
Dünýä näbelli, gizlin, ýuwaş we täsin birnäçe durmuşlar — bu Söýgüniň gülleriniň we miweleriniň kämillige ýeten hakyky bagydyr. Beýle bag Söýgi Şasynyň iň söýgüli ýeri bolup, Ol şol ýerde Öz dostlary bilen şatlanýan we seýil edýän ýeri bolup galypdyr. Maňa hyzmat edýänleriň käbirleri hakykatdan-da beýik we görnüp duran ýeňişler gazandylar we olary hak boýunça adamlar söýýärler we hormatlaýarlar. Emma olaryň beýik ýeňişleri hiç kimiň bilmeýän meýdan güllerine meňzeş. Heniz biz jülgede, aşakdakamyz şu sapagy özleşdir, Wah-Gorkýan, çünki haçanda sen eňňit daglara ýakynlaşanyňda bu seniň üçin teselli bolup hyzmat eder».
Sözüniň soňunda: «Ýör gideli, ähli guşlar şeýle bir owadan saýraýarlar welin, bizem olara goşulyşalyň, aýdymyň näme baradadygyny bolsa, goý, guşlar bize aýtsyn» diýdi. Şeýlelik bilen olar jülge boýunça derýa tarap gitdiler we bilelikde Çopanyň kitabyndan ýene-de bir aýdymy aýtdylar. Olar bilelikde nobatma-nobat bolup aýtdylar:
Wah-Gorkýan we Çopan aýdymy aýdyp bolanlarynda, olaryň ýollaryny kesip geçýän we ýokardan aşaklygyna basgançak kimin akýan çeşmäniň ýanyna bardylar. Ol şeýle bir çalt akyp, şaglaýardy welin, olryň töweregindäki jülge edil onuň gülýän sesinden dolan ýalydy.
Çopanyň Wah-Gorkýany öl we taýpançak daşlaryň üstünden geçirýärkä, Wah-Gorkýan oňa: «Ähli akýan suwlaryň näme barada aýdym aýdýandyklaryny bilmäge meniň uly höwesim bar. Käwagt men gijäniň ümsümliginde düşegimde ýatanymda, öýümiň gapdalyndan geçýän kiçijik çeşmäniň sesini eşidýärin. Ol şeýle bir şatlykly we bagtly seslenýär welin, edil öz-özüne nähilidir bir gizlin habary gaýtalap aýdýan ýaly. Meniň pikirimçe, ähli akýan suwlar şol bir aýdymy ýa-da batly we aýdyň, ýa-da ümsüm we ýuwaş aýdýarlar. Suwlaryň näme diýýändiklerini bilmäge meniň şeýle bir höwesim bar! Bu deňizleriň we duzly suwlaryň sesinden has tapawutlanýar! Emma men olara-da düşünmeýän. Çopan, aýtsana maňa, öz ýollary bilen rowana bolanlarynda ähli suwlaryň näme barada aýdym aýdýandygyny sen bilýärsiňmi?»
Çopan ýene-de ýylgyrdy we olar kiçijik çeşmejigiň boýunda ýene-de bir salym durdular. Çeşmejik bolsa edil olaryň özüni diňlemekleri üçin saklanandyklaryny aňlaýan ýaly, ýene-de batlyrak we uly şatlyk bilen şaglaýardy. Birden Wah-Gorkýan Çopanyň ýanynda otyrka, onuň gulagy açylan ýaly bolup gitdi we ýuwaş-ýuwaşdan ol suwlaryň diline düşünip başlady. Meniň terjime etmegime seretmezden, elbetde, muny söz bilen aýdyp bolmaýar. Bu synanyşyk, elbetde, has ujypsyz, çünki suwuň aýdymyna saz düzüp bolýanam bolsa, emma ony söz bilen beýan edip bolmaz. Şonda bu şeýleräk eşidilýärdi:
Birnäçe wagtlap diňläp durup we her hili sesler, şaggyldylar bilen bu aýdymyň ýene we ýene gaýtalanýandygyna düşünip: «Bu gaty täsin» diýip, Wah-Gorkýan aýtdy. «Seret, suw: «maňa ýene-de aşak inmäge rugsat beriň» diýip, şatlykly aýdýan ýaly, çünki ol has aşaklyklara ylgaýar. Sen bolsa meni Belentliklere çagyrýaň. Bu nämäni aňladýar?» diýip, Wah-Gorkýan Çopandan sorady.
Çopan oňa: «Belentlikler — bu dünýäniň iň aşak ýerine bolan syýahatyň başlangyç meýdançasydyr. Haçanda seniň aýaklaryň keýigiň aýaklary ýaly bolanda we sen daglardadyr baýyrlarda bökjekläp bileniňde, şonda sen men ýaly özüňi beýlekilere şatlyk bilen berip, Belentliklerden aşak inip, onsoň ýene-de ýokarlara çykyp bilersiň. Sen bürgütlerden-de çalt Belentlere çykyp bilersiň. Çünki diňe Söýgüniň Belentliklerinde biz özüňi beýlekilere doly berip bilmeklik üçin güýç alyp bileris» diýdi.
Onuň bu aýdanlary Wah-Gorkýan üçin gaty enaýy bolup görünýärdi, emma indi onuň gulaklary açylanynda we suwuň aýdymyna düşünip başlanynda, ol bu aýdymy çar tarapda eşidýärdi. Bu aýdymy olaryň ýollaryny kesip geçýän her bir çeşmejik hem aýdýardy. Meýdan gülleri-de edil şeýle aýdymy aýdýan ýalydy, ýöne olar aň bilen däl-de, diňe ýürek bilen düşünip bolýan suwlaryňky ýaly öz dillerinde aýdýardylar. Bu aýdymyň öz kiçijik gaýtalamasy hem bar ýalydy we ony müňlerçe güller dürli heňde aýdýardylar.
Şondan soň bu gaýtalamany ähli kiçijik guşlaryň hem dürli heňde aýdýandyklary Wah-Gorkýana eşidildi. Ol hemişe şeýleräk eşidilýärdi:
Birden Wah-Gorkýan: «Biziň jülgämiziň şeýle owadandygyny we bu ýerde şeýle kän aýdymy eşidip bolýandygy men öň bilmeýärdim» diýdi.
Çopan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Ähli ýaradylanlaryň ýüreginde ýaşaýan aýdyma, gözellige we şatlyga diňe Söýgi hakykatdan düşünip biler. Iki gün ozal ýüregiňe Söýgi tohumyny oturdanlygym seniň ýadyňdan çykdymy? Ol eýýäm seniň öň üns bermedik zatlaryňy görmäge we eşitmäge kömek etmäge girişdi.
Sende Söýgüniň ösdügi saýyn, sen öňki arzuw hem etmedik birnäçe zatlaryňa düşünip başlarsyň. Sende birnäçe «näbelli dillere» düşünip bilmeklik ukyby peýda bolar. Şeýle-de, Söýginiň dilinde gürlemekligi öwrenersiň, emma ilki sen Söýgüniň harplygyny öwrenmeli we keýigiň aýaklary kimin aýaklary ösdürmeli bolarsyň. Bularyň ikisini-de sen Belentliklere bolan ýolda öwrenersiň. Ine-de biz derýanyň kenarynda. Onuň beýleki kenarynda eýýäm dag etekleri başlanar. Ol ýerde biz seni ugratjak ýoldaşlaryňy taparys, olar saňa garaşýarlar».
«Gaty çalt derýa gelendigimiz, şeýle-de dag eteklerine ýakynlaşandygymyz hakykatdan-da täsin we ynanar ýaly däl» diýip, Wah-Gorkýan oýlandy. Çopanyň eline daýanýan we onuň güýji bilen goldawlanýan Wah-Gorkýan özüniň agsaklygyny we ýadanlygyny hem duýanokdy. Wah, eger ol ony ýoldaşlarynyň aladasyna tabşyrman, özi Belentliklere äkitsedi!
Wah-Gorkýan bu barada oýlanyp: «Sen meniň bilen gitmersiňmi? Seniň ýanyňdakam men özümi güýçli duýýan. Senden başga hiç kimiň meni Belentliklere eltip bilmejekdigine men ynanýan» diýip haýyş etdi.
Ol özüniň bütin mylaýymlygy bilen seredip, ýuwaşja: «Wah-Gorkýan, men seniň isleýäniňi edip bilerdim. Özüňiň ol ýere çykmaklygyň deregine men seni Belentliklere eltip bilerdim. Emma men muny edäýsem, onda seniň aýaklaryň hiç haçan hem keýigiň aýaklary ýaly bolmaz we sen meniň ýoldaşym bolup, meni ugradyp bilmersiň. Syýahatyň gaty uzak we kämahallar howpludygyna seretmezden, eger sen şu ýekeje gezek ýokarlara seniň üçin saýlan ugradyjylarym bilen çyksaň, onda seniň aýaklaryňyň keýigiňki ýaly boljakdygyny wada berýän. Şondan soň sen meniň bilen daglarda bökjekläp, göz açyp-ýumasy salymda ýokary çykyp, ýene-de aşak inip bilersiň. Şeýle-de, eger men seniň ýüregiňdäki şu wagtky kiçijik Söýgiň tohumy bilen seni Belentliklere äkitsem, onda sen Söýgi Şalygynda ýaşap bilmersiň. Seniň duşmanlaryňyň hem bolup biljek ýeri bolan Söýgi Şalygynyň daşynda galmaly bolarsyň.
Olaryň käbirleri dagyň aşak eteklerine gelip bilýärler. Ýokary çykanyňda olar bilen duşuşjakdygyňa men şübhelenmeýärin. Ine şol sebäpli hem men janypkeşlik bilen seniň üçin has oňat we güýçli ugradyjylary saýladym. Ýöne muňa seretmezden, seniň kömek baradaky sesiňi eşitmez ýaly men senden ýekeje pursat-da daşlaşmaryn. Görünmeýän ýagdaýda bolsa-da, men seniň bilen hemişe bile bolaryn. Şeýle-de, geljekki syýahatyň saňa keýik aýaklarynyň ösmegine kömek etjek serişde boljakdygyny wada berýän» diýdi.
Biçäre Wah-Gorkýan titreýän sesi bilen: «Ýokary çykanymda, sen maňa täze at berjekmi?» diýip sorady. Duýdansyz ol özüni gurşan sazy eşitmän, ker ýaly boldy we ýene-ne gorkular we ýaman duýgular bilen doldy.
Çopan oňa: «Hawa, elbetde. Ýüregiňdäki Söýgi güli güllemäge taýýar bolanynda, söýgüňe jogap edip, seni-de söýerler we sen täze at alarsyň» diýdi.
Wah-Gorkýan köprüde saklanyp, yzyna, geçilen ýola seretdi. Jülge ýap-ýaşyl we rahat görünýärdi, emma şol bir wagtyň özünde, özleriniň eteklerine ýakynlaşýan daglar äpet galalar kimin abanyp durdular. Ol gaty daşdaky öz obajygy bolan Howsalalyny büräp duran agaçlary heniz görüp bilýärdi we ýüreginde duýdansyz agyry bilen Çopanyň örülerini bakýan bagtly kömekçilerini we özüniň ýaşan kiçijik ýuwaşja ak öýüni göz öňüne getirdi.
Bu suratlar Wah-Gorkýanyň içki duýgularyna aralaşanda, onuň gözlerinden gözýaşlar döküldi, ýüregini bolsa tiken sançdy, emma ol şol bada Çopana öwrülip: «Men saňa ynanýaryn we seniň islän zadyňy ederin» diýip, minnetdarlyk bilen aýtdy.
Soňra Wah-Gorkýan başyny galdyryp, Çopana seredeninde, ol mähir bilen ýylgyryp, şu wagta çenli aýtmadyk zatlaryny aýtdy: «Wah-Gorkýan, sende örän ajaýyp bir häsiýet bar: seniň gözleriň şeýle bir ynanjaň! Ynam — bu dünýädäki iň bir ajaýyp zatlaryň biridir. Seniň gözleriňde ynam yşyklandyrylanda, meniň pikirimçe sen birnäçe şazada gyzlaryndan hem owadan görünýäň» diýdi.
Tiz wagtdan olar derýanyň beýleki tarapynda boldular we dag eteklerine ýakynlaşdylar. Bu ýerde ullakan tegelek daşlar çar tarapda ýatyrdylar. Birden Wah-Gorkýan ýoluň gyrasyndaky bir daşyň üstünde oturan ýüzleri örtülen iki aýal keşbini gördi. Wah-Gorkýan bilen Çopan bu ýere ýakynlaşanlarynda, aýallar turup, sessiz Çopana baş egdiler.
«Ine-de saňa wada berlen iki ugradyjylar, — diýip, Çopan ýuwaşja aýtdy. — Tä eňňit we kyn ýerleri geçýänçäň, olar seniň ýoldaşlaryň we kömekçileriň bolarlar».
Wah-Gorkýan gorky bilen olara seretdi. Elbetde, olar uzyn we güýçli ýaly görünýärdiler, emma näme üçin olaryň ýüzleri örtülen? Ol olara näçe syn etdigiçe, şonça-da olardan gorkup başlady. Olar şeýle bir sessizdiler, güýçli we geňdiler. Näme üçin olar hiç zat geplemeýärler? Näme üçin ony oňat sözler bilen garşy almadylar?
«Kim olar? — diýip, Wah-Gorkýan Çopana pyşyrdady. — Olaryň atlaryny maňa aýdarsyňmy? Näme üçin olar meniň bilen gürleşenoklar? Olar lalmy?»
«Ýok, olar lal däl, — diýip, Çopan ýuwaşlyk bilen aýtdy, — olar ýöne başga dilde, heniz saňa nätanyş bolan daglyk dilinde gürleýärler. Emma olar bilen syýahat edip, sen ýuwaş-ýuwaşdan olaryň dilini öwrenip başlarsyň.
Olar oňat mugallymlar. Hakykatdan-da, bulardan oňadyny tapmak kyn. Olaryň atlaryny bolsa men seniň diliňde aýdaryn, ýöne olaryň öz dillerinde atlarynyň nähili bolýandygyny sen soňrak bilersiň». Sessiz aýallaryň birinjisini görkezip: «Munuň ady — Gaýgy. Ikinjisi bolsa, onuň ekiz uýasy — Ejir» diýdi.
Biçäre Wah-Gorkýan! Onuň ýaňaklary agaryp, bütin endamy tikenekläp gitdi. Ol huşumdan giderin öýdüp, Çopana berk ýapyşdy.
Ol uludan demini alyp, şeýle diýdi: «Men olar bilen gidip bilmerin. Ýok! Ýok! Eý, meniň Hojaýynym, sen meniň bilen näme edýäň? Men olar bilen bile bir toparda nädip syýahat edip bilerin? Bu meniň başarnygymdan artyk. Daglara bolan ýoluň howply we kyndygy zerarly meniň ýeke özüm çykyp bilmerin diýip özüň aýtdyň. Onda näme üçin, wah, näme üçin sen maňa ýoldaş edip Gaýgyny we Ejiri berýäň? Ýolda meni berkidip, ruhlandyrar ýaly sen meniň bilen Şatlygy we Parahatlygy iberip bilmezmidiň näme!» Ol gygyryp aglap başlady.
Bu duýgularyň ýarylanyny eşideninde, Çopanyň ýüzünde geň bir saýa peýda boldy. Soňra ol ýüzleri örtülen keşplere seredip, mähir bilen: «Şatlyk we Parahatlyk. Bu seniň özüň üçin saýlajak ýoldaşlaryňmydy? Meniň saňa berjek kömekçilerimi kabul etmäge wada bereniň ýadyňdamy? Çünki seniň üçin iň oňat kömekçileri saýlajakdygyma ynanardyň. Wah-Gorkýan, sen henizem maňa ynanýarmyň? Sen olar bilen gidermiň ýa-da yzyňa, öz garyndaşlaryň we Gorkagyň ýanyna jülgä dolanjakmy?»
Wah-Gorkýan sandyrap gitdi. Saýlaw gaty elhençdi. Gorkaklar bilen ol eýýäm kän tanyşdy, emma Gaýgy we Ejir özüniň duşup biljek iň elhenç zatlarydy. Ol nädip olar bilen ýola düşüp biler we nädip olara ynanyp biler? Bu kellä sygmaýardy. Şonda ol Çopana seretdi we birden özüniň Çopana şübhelenip bilmejekdigine we yzyna dolanyp, onuň yzyna eýermän bilmejekdigine, ýagny näme bolsa-da, özüniň titreýän we betbagt ýüregi bilen ony söýýändigine düşündi. Hatda eger Çopan ondan başaryp bilmeýän zady talap etse-de, Wah-Gorkýanyň boýun gaçyrmaga güýji ýokdy.
Wah-Gorkýan Çopana naýynjarlyk bilen seretdi-de, oňa: «Men yzyma öwrüljekmi? Eý, Çopan, men kime baraýyn? Bütin älemde senden başga hiç kimim ýok. Eger bu mümkin däl ýaly bolup görünýän hem bolsa, seniň yzyň bilen gitmäge kömek et. Seni söýmegi küýseýşim ýaly, saňa ynanmaklyga-da maňa kömek et» diýdi.
Bu sözleri eşidip, Çopan birden kellesini galdyrdy we begenç, dabaraly şadyýanlyk gülküsi bilen güldi. Bu gülki beýik daglaryň depelirinde ýaňlanyp, edil ähli daglar gülýän ýaly eşidilýärdi. Gülküniň ýaňlary daşlardan daşlara, gaýalardan gaýalara bökjekläp, ahyrynda göklerde ýitip giden ýaly boldy.
Gülkiniň soňky ýaňlary-da ýitende, Çopanyň mähirli sesi eşedildi: «Sen başdan aýak gözelsiň, eý söýgülim, sende hiç bir kemlik ýok!» (Sül. aýd. 4:7). Sözüniň soňunda şeýle diýdi: «Gorkma, Wah-Gorkýan, diňe ynan. Seniň masgaralanmajakdygyňy men wada berýärin. Gaýgy we Ejir bilen bile git. Eger sen olary şu wagt kabul edip bilmeseň-de, özüňe başartmaýan kyn ýerlere baranyňda, elleriňi ynam bilen olaryň ellerine ber we meniň seni görjek ýerime olar seni elterler».
Wah-Gorkýan gymyldaman durup, Çopana seredýärdi. Beýlekileri azat etmekligi höwes bilen edýäniň şatlygy ýaly şatlyk Çopanyň ýüzüni özgerdýärdi. Çopanyň yzyna eýerýän başga biri tarapyndan ýazylan aýdymyň sözleri Wah-Gorkýanyň ýüreginde heňlenýärdi we ol ýuwaşja, şatlyk bilen aýdyp başlady:
«Menden ozal beýlekiler bu ýol bilen gitdiler we soň olar hatda bu barada aýdym hem aýdyp bildiler. Şeýle bir güýçli we mähirli Bolan meniň şeýle güýçsüz we gorkakdygyma seretmezden, maňa az ynamdar we rehimli bolarmy-ka? Öz şägirtlerini gorkudan azat edip, olary Belentliklere getirmek onuň üçin uly bagtdygy anyk ahyryn!»
Şol bürenen iki keşbe seredip, Wah-Gorkýan öňe ädim ätdi we şu wagta çenli özünde bolmadyk batyrgaýlyk bilen: «Men siziň bilen giderin. Haýyş, ýoly görkeziň» diýdi. Emma ol hatda şu wagt hem olaryň elinden tutmaga özüni mejbur edip bilmeýärdi.
Çopan ýene ýylgyrdy-da: «Men öz rahatlygymy seniň bilen galdyraryn. Meniň şatlygym sende doly bolsun. Ýadyňda sakla, men seni bu daglaryň ýokarlaryna, Belentliklere alyp barmagy wada beripdim we sen masgaralanmarsyň diýipdim. Indi bolsa «Gün dem alyp, kölegeler gaçyşýança, eý söýgülim, yzyňa öwrül, jaýryk-jaýryk daglaryň üstündäki jeren kimin, keýik owlagy kimin bol» (Sül. aýd. 2:17).
Tä Wah-Gorkýan näme bolýandygyna düşünýänçe, Çopan ýodajygyň boýundaky uly bolmadyk daşyň üstüne, ondan beýlekä, beýlekiden üçünjä şeýle çaltlyk bilen bökjekledi welin, ol onuň hereketlerini zordan yzarlap bildi. Ol depelerden depelere oklanyp, tä göze görünmezek bolýança dagyň ýokarlaryndan towsup gitdi.
Çopan eýýäm olaryň ýanlaryndan aýrylanynda, Wah-Gorkýan özüniň täze iki ýoldaşlary bilen dag eteklerine çykmaklyga girişdi. Bu gaty geň görünýärdi (eger kimdir biri muny görüp bilsedi) — elleriniň özüne uzadylandygyny görmeýän ýaly bolup, ýüzleri bürenen bu iki ýoldaşlaryndan bolup bildiginden daşda durup we ýygrylyp, Wah-Gorkýan agsaklap, Belentliklere tarap ýola düşdi. Ýöne muny görer ýaly hiç kim ýokdy, çünki siz bir zatda berk ynamly bolup bilersiňiz: keýik aýaklarynyň ösmekligi — bu hiç kimiň bolmazlygyny talap edýän ýagdaýdyr.
Bäşinji bap
Tekepbirlik bilen duşuşyk
Ýene birnäçe wagt geçdi we Wah-Gorkýan Gaýgy bilen Ejiriň kömegine diňe bir dagyň eňňit ýerleri hem-de özüniň agsak we güýçsüzligi üçin mätäç däldigine göz ýetirip başlady. Çünki ýeke özi giden bolsady, onda ony yzyna gaýtmaga mejbur edip bilýän duşmanlaryň duş gelýänligi sebäpli hem bu syýahat gaty kyndy.
Muny düşündirmek üçin biz yza, ýagny Kemsitme jülgesine dolanmalydyrys we ol ýerde näme bolup geçendigine seretmelidiris. Wah-Gorkýanyň jülgeden gaçyp, özleriniň ýigrenýän Çopany bilen daglara gidendigini bilenlerinde Elhençler maşgalasynyň ähli agzalary uly gazaba mündüler. Wah-Gorkýanyň heniz bary-ýogy kiçijik betnyşan, agsak bolanynda garyndaşlarynyň onuň bilen işleri-de ýokdy. Indi bolsa olaryň arasyndan hut Wah-Gorkýanyň ýeke özüni saýlap, Belentliklerde ýaşatmaga alyp gidendikleri nägilelik döredýärdi. Oňa iň Beýik şanyň köşgünde hyzmat etmekligi ynanmaklary-da mümkin!
Maşgalanyň beýleki agzalarynyň Kemsitme jülgesinde kemerlerini çekip ýöränlerinde, bu zatlaryň barynyň hut Wah-Gorkýan bilen bolar ýaly ol kimmiş? Ýok, olaryň hiç biri-de daga gitmezdi! Ýöne Wah-Gorkýanyň muny edendigi bilen olar ylalaşyp bilenokdylar.
Birden Wah-Gorkýan öz garyndaşlarynyň gözleriniň öňünde kiçijik ujypsyzlykdan iň wajyp şahsyýete öwrüläýdi. Onuň durmuşy bilen ýöne bir iň ýakyn garyndaşlary däl-de, eýsem ähli uzak garyndaşlary-da aladalydylar. Hakykatdan-da, Wah-Gorkýanyň gitmegi Şanyň öz hyzmatkärlerinden başga jülgäniň ähli ýaşaýjylaryny gaharlandyrdy. Ýigrenç Çopanyň ähli niýetlerini puja çykarmak üçin olar Wah-Gorkýany yzyna dolandyrmagy çözdüler.
Wah-Gorkýany tutmaklygyň we ony jülgä getirmekligiň iň oňat we wajyp usullaryny tapmaklyk üçin iň abraýly garyndaşlar uly maslahata ýygnanyşdylar.
Ahyrynda onuň yzyndan ýetip, ony gaýtmaklyga mejbur eder ýaly kimdir birini ibermeklik kararyny kabul etdiler. Ýöne dildüwşijiler Wah-Gorkýanyň Beýik Çopanyň goragyndadygy sebäpli güýç ulanmaklykdan el üzmelidigini boýun almaly boldular. Diýmek, aldaw ýoly bilen Wah-Gorkýany öz islegi boýunça gaýtmaga mejbur edýän bir serişde tapmalydy. Emma nireden ony tapmaly?
Ahyrsoňy olar maşgalanyň uzak garyndaşy bolan Tekepbirligi ibermekligi biragyzdan goldadylar. Hut Tekepbirligi ibermekligiň birnäçe sebäpleri bardy. Ilki bilen ol ýöne bir güýçli we edermen bolman, eýsem ol owadan ýaş ýigitdi. Ol islän wagty özüneçekiji bolup bilýärdi. Eger beýleki ähli serişdeler üstünlikli bolmasa, onda Wah-Gorkýany gaýtaryp getirmek üçin özüniň owadanlygynyň bar güýjüni Tekepbirligiň ulanmagyny Elhençler bellediler.
Mundan başga-da, her bir işinde ýeňilip, boýun bolar ýaly bu ýaş ýigit öz tebigatyna görä gaty tekepbirdi. Tä maksadyna ýetýänçe ol hiç haçan boýun towlamazdy. Hemmelere mälim bolşy, özüniň ýeňilendigini boýun alyp, Wah-Gorkýansyz gelmek Tekepbirlik üçin mümkin däl zatdy. Şonuň üçin, haçanda ol bu işi öz üstüne alanynda, hiç hili soragyň bolup bilmejekdigine we ýagdaýdan çykalga tapandyklaryna hemmeler doly ynanýardylar.
Ýolda birnäçe gün geçirip, öz ýodaşlary bilen haýal, ýöne göni öňe ymtylyp barşyna, bir gün irden Wah-Gorkýan Tekepbirligiň göni özüne tarap gelýändigini gördi. Elbetde, bu garaşylmadyk duşuşyga Wah-Gorkýan gaty haýran galdy we aljyraňňylyga düşdi. Onuň ynjalyksyzlygy esaslandyrylmadyk däldi. Onuň bu doganoglany hemişe ony äsgermezlik edýärdi we hatda onuň bardygyny hem boýun almaýardy. Şol sebäpden hem ilki bada onuň özi bilen gürleşer diýen pikir Wah-Gorkýanyň kellesine-de gelmedi. Ol onuň tekepbirlik bilen hemişekisi ýaly özüniň gapdalyndan geçip gitjekdigine garaşdy.
Tekepbirlik birnäçe sagatlap içalylyk edip, Wah-Gorkýanyň güýçli iki ýoldaşynyň goragyna seretmezden, onuň ýanynda Çopanyň ýokdugyny bileninde gaty şatlandy. Şonuň üçin Wah-Gorkýanyň haýran galmagyna, ol mylakatlylyk bilen onuň ýanynda saklanyp, salamlaşdy:
«Ýeri, meniň doganoglanym Wah-Gorkýan, ine-de sen. Seni ýetenimçe men gaty güýçden gaçdym».
«Ýaşaýşyňyz nähili, doganoglanym Tekepbirlik?» diýip, sadaja Wah-Gorkýan sorady. Elbetde, ol akyllyrak bolup, onuň bilen salamlaşmaly däldi, esasan-da saklanyp, jülgedäki öz garyndaşlarynyň biri bilen hem gürleşmeli däl-di. Emma birnäçe ýyllap äsgermezlik edilýän gatnaşykdan soň, birden seni özi kimin saýyp salamlaşanlarynda — bu nähili ýakymly! Wah-Gorkýanda uly höwes döredi. Elbetde, onuň deregine elhenç we ýigrenç Gorkak bolsady, hiç zat ony saklap, onuň bilen gürleşdirip bilmezdi.
Tekepbirlik Wah-Gorkýany elinden tutup (edil şu pursatda ýoluň gaty bir howply däldigi sebäpli Wah-Gorkýan Gaýgy bilen Ejiriň elini goýberipdi), çynlakaý şeýle diýdi: «Wah-Gorkýan, saňa kömek etjek bolup, men ýörite seniň ýanyňa geldim. Haýyş, meni üns berip diňle we saňa kömek etmeklige rugsat ber.
Meniň gadyrly doganoglanym, sen bu geň syýahatdan eliňi üzüp, meniň bilen jülgä dolanmalysyň. Sen ne özüňiň hakyky ýagdaýyňa, ne-de elhenç geljegiňe aň ýeterip bilýärsiň. Seni bu gelşiksiz syýahata gitmäge Ynandyran (Tekepbirlik Çopanyň adyny ses bilen aýtmaga özüni mejbur edip bilmeýärdi) beýleki biçäre gurbanlyklary-da seniňki ýaly azdyrdan kimin tanymal.
Eger sen kesirlik edip, ýoluňy dowam etdirseň, onda seniň bilen näme boljakdygyny bilýärmiň? Özüniň Şalygyna eltip, siziň ol ýerde bagtly ýaşajakdygyňyz baradaky beren owadan wadalary ýalan bolup çykar. Dagyň ýabany we çöllük ýerlerine eltende, ol seni ýöne taşlar we sen ömürlik masgaralyga sezewar bolarsyň».
Wah-Gorkýan elini onuň elinden azat etmeklige synanyşdy, çünki onuň näme maksat bilen gelendigine we ondaky Çopana bolan elhenç ýigrenje indi düşünip başlady. Emma elini boşatjak bolup näçe synanyşandygyna seretmezden, Tekepbirlik onuň elini ýene-de güýçli gysýardy. Wah-Gorkýan özi üçin bir sapagy özleşdirmeli boldy: eger bir gezek Tekepbirligi diňleseň, onda näçe synanyşyber — ondan azat bolmak dünýädäki ähli zatlar-dan kyn bolar. Onuň sözleri Wah-Gorkýan üçin nejisdi, emma eliniň onuň ygtyýarlygyndadygy sebäpli olar gaty dogry ýaly eşidilýärdi.
Özüniň kellesine-de bu pikirler öň gelmedimi näme we Tekepbirligiň şu wagtky aýdýanlary barada ol oýlanmandymy näme? Eger Çopan ony taşlamasa-da (munuň şeýledigine ol ynanýardy), Gaýgyny we Ejiri ýoldaş edip Beren (elbetde, onuň janynyň peýdasy üçin) Wah-Gorkýanyň öz garyndaşlarynyň we tanyşlarynyň öňünde masgaralanmagyna ýol berip bilmezmi näme? Ol hemmeler üçin gülki bolmazmy ahyryn! Çopanyň ýene-de nämelerden geçirjekdigini kim bilýär?
Tekepbirlige öz elinden tutmaklyga rugsat bermekligiň elhençdigine Wah-Gorkýan düşündi. Onuň sözleri gaty gorkuzýan güýje eýedi, ýöne onuň Wah-Gorkýanyň elinden tutýanlgygy zerarly olar gaýtaryp bolmaýan güýç bilen göni nyşana degýärdiler.
Güýçli isleg bilen Tekepbirlik Wah-Gorkýana: «Yzyňa dolan, Wah-Gorkýan. Heniz giç bolmanka yzyňa dön. Meniň dogry zatlary aýdýandygymy sen çyn ýürekden bilýärsiň, sen hakykatdan-da hemmeleriň öňünde masgaralanarsyň. Heniz wagt bar-ka, taşla. Belentliklerde ýaşamak baradaky bu ýalan wada seniň şeýle uly bahany tölemekligiňe laýykmy ahyryn? Ýokardaky, hakykatda bolmadyk Şalykda gözleýän zadyň näme?»
Öz erkine garşy we özüniň ýöne onuň ygtyýarlygynda bolanlygy sebäpli, Wah-Gorkýan oňa özünden şu sözleri çekip çykarmaga rugsat berdi. «Men Söýgi Şalygyny gözleýän» diýip ol ýuwaşja aýtdy.
Tekepbirlik gülümjiräp, şeýle diýdi: «Men hut şeýle pikir edipdim. Öz ýüregiňiň isleýänini gözleýäň, şeýle dälmi? Indi sen maňa aýt, Wah-Gorkýan, sende azajyk bolsa-da, tekepbirlik barmy? Şeýle betnyşan we agsaklygyň üçin seni jülgede söýmeýändikleriniň dogrudygyny özüňden sora? Bu ajy hakykat. Aýtmaklaryna görä, diňe täsin gözelligiň we kämilligiň goýberilýän ýeri bolan Söýgi Şalygynda sen isleniýän adam bolup bilermiň? Hykatdan-da özüňiň gözleýän zadyňy taparsyň diýip oýlaýaňmy? Ýok, ýene-de ýok diýýän saňa we munuň şeýledigini özüň hem bilýäň. Hiç bolmanda dogruçyl bol we muny taşla».
Biçäre Wah-Gorkýan! Yza öwrülmeklik islegi ýeňip bolmaýan ýaly görünýärdi. Tekepbirligiň onuň elinden berk tutýan we onuň sözleriniň her biriniň elhenç hakykat ýaly görünýän pursadynda, Wah-Gorkýanyň içki nazarynda Çopanyň ýüzi peýda boldy. Wah-Gorkýan onuň: «Men seni ol ýere eltjekdigimi we seniň masgaralanmajakdygyňy wada berýärin» diýenindäki garaýşyny ýadyna saldy. Soňra ol onuň edil daşdaky şöhle saçyp duran bir suraty gören ýaly bolup, mähir bilen Çopanyň şu sözleri gaýtalaýandygyny ýene-de eşiden ýaly boldy:
Tekepbirlik näme bolýandygyna düşünip bilmeýärkä, Wah-Gorkýan daglara ýüzlenip, kömek barada gygyryp seslendi: «Çopan, meniň ýanyma gel! Tiz! Meniň Jenabym, haýallama!»
Aşak inýän daşlaryň sesleri gelip başlady we indiki pursat içinde gazaply ýüzli Çopan elindäki çopantaýagyny ýokaryk göterip, olaryň öňüde durdy. Çopanyň ýekeje gezek urmagy Tekepbirligiň berk gysýan elini aýryp, daşlar daşlara büdräp, ýoda boýunça aşak ylgamagyna ýeterlik boldy. Birsalymdan ol gözden ýitdi.
Ýumşak, ýöne bir zatlar öwretjek bolýan sesi bilen Çopan Wah-Gorkýana: «Näme üçin sen Tekepbirligiň ýanyňa gelip, öz eliňden tutmaklygyna ýol berdiň? Eger sen öz kömekçileriň ellerinden tutsadyň, onda hiç haçan beýle bolmazdy» diýdi.
Ilkinji gezek Wah-Gorkýan öz erki bilen iki elini-de ýoldaşlaryna uzatdy we olar berk tutdular. Emma şu wagta çenli bu şunuň ýaly agyryly we gynançly bolmandy.
Şeýdip Wah-Gorkýan ýokara bolan ýolda özüniň birinji sapagyny özleşdirdi: eger sen Tekepbirlik bilen gürleşjek bolup saklansaň we onuň zäherli nesihatlaryny diňleseň, şeýle-de özüňe ýakynlaşdyryp, eliňden tutdursaň, onda gaýgyny başdan geçirmek gaty kyn bolar, ýürek agyryňa bolsa, ýene ajy hem goşular. Şeýle-de, jülgeden gideninden bäri Wah-Gorkýan şunuň ýaly güýçli agsaklamaýardy. Kömege çagyran pursadynda Tekepbirlik onuň aýagyny basypdy we olar indi öňküsinden-de gaty agsaklap, agyrýardylar.
Altynjy bap
Çöllükden aýlanyp geçmek
Çölüň birmeňzeşligini bozup duran ýekeje zat — bu gum gerişleriniň üstünden görnüp duran piramidalardy. Olar gadymydylar, taşlanandylar we tukatdylar. Wah-Gorkýanyň gorkusyna onuň iki ýoldaşlary aşak eltýän eňňit ýodajyk boýunça düşmeklige taýýarlandylar.
Wah-Gorkýan gazylyp duran ýaly saklandy-da: «Biz ol ýere gitmeli däl. Çopan meni Belentliklere çagyrdy. Elbetde, biz o taýa aşak däl-de, ýokary alyp barýan ýol tapmalydyrys» diýdi. Emma aýallar oňa çöllüge eltýän şu ýodajyk boýunça özleriniň yzlaryna eýermegini düşündirdiler.
Wah-Gorkýan sagyna-soluna seredip, ýokary tarap gidýän ýol gözledi, emma mümkin däl ýaly görünmegine seretmezden, ol başga ýol tapmady. Olaryň şu wagta çenli gelen ýoly birden üzülip, indi bolsa daýanmak üçin ýekeje-de nokat tapyp bolmaýan daşly, äpet gaýalar başlandy.
«Men aşak düşüp bilmerin» diýen sözler Wah-Gorkýanyň agzyndan çykyp gitdi. Ol gorkudan ýaňa özüni erbet duýýardy. «Çopan bulary göz öňünde tutan bolmasa gerek! Hiç haçan! Ol meni ýokarlara, Belentliklere çagyrdy. Bu bolsa onuň ähli aýdanlaryna garşy gelýär».
Şonda ol sesini galdyryp, gamgynlyk bilen gygyrdy: «Çopan, meniň ýanyma gel. Wah, sen maňa gerek! Maňa kömege gel!»
Şol wagtyň özünde ol peýda bolup, olaryň ýanlarynda durdy.
«Çopan, - diýip, gaýgy bilen Wah-Gorkýan ýüzlendi, — men hiç zada düşünmeýärin! Seniň maňa beren ugradyjylaryň biziň şu çöllüge aşak düşmelidigimizi aýdýarlar. Emma onda biz Belentliklere ters tarapa öwrüleris. Sen muny göz öňünde tutmandyň ahyryn? Sen öz-özüňe garşy çykyp bilmersiň. Biziň ol ýere gitmeli däldigimizi olara aýt we başga ýoly görkez. Wada berşiň ýaly bize ýoly taýýarla, Çopan».
Ol oňa seredip, mähir bilen jogap berdi: «Bu ýol şoldur, Wah-Gorkýan, sen bu ýol boýunça aşak gitmelisiň».
Ol gygyryp: «Wah, ýok! Sen muny çynlakaý aýdyp bilmersiň. Men saňa bil baglasam, onda meni Belentliklere alyp barjakdygyňy aýdypdyň, bu ýol bolsa yzymyza tarap äkidýär. Bu seniň aýdanlaryňyň baryna deň gelmeýär» diýdi.
Çopan oňa: «Ýok, bu deň gelmezlik däl, bu möhleti yza süýşürmedir. Bu has oňat zatlaryň mümkin bolmagy üçindir» diýdi.
Wah-Gorkýan onuň edil pyçak bilen ýüregine uran ýaly agyryny duýdy. Ol ynanmazlyk bilen: «sen hakykatdan-da meniň bu ýol bilen hemişe aşak, bu ýabany ýere, çölüň içi bilen näbelli ters tarapa gitmelidigimi aýtjak bolýaňmy? Näme üçin?» diýdi. Onuň sesinde gynançly agy eşidildi. Bu ýoluň daglara öwrülmegine belki birnäçe aýlar ýa-da ýyllar gerek bolar. «Eý, Çopan, sen bu möhleti yza süýşürmäniň näbelli wagta çenlidigini aýtjak bolýaňmy?»
Ol sesini çykarman, kellesini yrdy we Wah-Gorkýan bolsa dyza çöküp, onuň aýagyna ýykyldy. Çopan ony ýüreginiň isleglerinden uzaga äkitdi we haçan yzyna gaýtaryp getirjekdigi barada ýekeje-de söz aýtmady. Haçanda ol bu gutarnyksyz çäge baýyrlaryna göz aýlanynda, onuň görýän ýekeje ýoly Belentliklerden ters tarapa uzalyp gidýärdi. Çar tarap bolsa giden çöllükdi.
Onsoň Çopan ýuwaşja sorady: «Wah-Gorkýan, bu möhleti yza süýşürmäni we saňa meniň wadama garşy görünýäni kabul eder ýaly sen meni söýýäňmi? Sen meniň bilen şol ýere, ýagny çöllüge aşak düşersiňmi?»
Henizem ol möňňürip aglap, onuň aýagynda ýerde ýatyrdy. Onsoň gözýaşlary bilen Çopana seretdi-de, onuň elinden tutup, bütin teni bilen titräp: «Men seni söýýän ahyryn, meniň seni söýýändigimi sen bilýärsiň. Gözýaşlarymy saklap bilmeýänligim üçin bagyşla. Eger sen hakykatdan-da isleýän bolsaň, onda men seniň bilen çöllüge düşüp, ters tarapa giderin. Hatda eger sen munuň näme üçindigini aýdyp bilmeseň-de, men seniň bilen giderin. Çünki seni hakykatdan-da söýýändigimi bilýärsiň we meniň üçin islän zadyňy saýlamaga saňa hukuk berlen» diýdi.
Ertiriň daňydy. Olaryň we çölüň ümsüm giňişlikleriniň üstündäki asmanda ýaş aýyň oragy asylgy durdy. Onuň ýanynda bolsa, göwher kimin daň ýyldyzy şöhle saçýardy. Şu ýerdäki daglarda Wah-Gorkýan daşlardan uly bolmadyk özüniň ilkinji gurbanlyk sypasyny ýasady. Soňra heniz Çopan ýanynda-ka, bu sypa özüniň titreýän we gozgalaň turuzýan erkini goýdy. Bir ýerlerden kiçijik ot peýda boldy we birsalymdan ýaňky sypada birazajyk külden başga hiç zat galmady. Takygyny aýtsak, Wah-Gorkýana ol ýerde diňe kül galan ýaly bolup görünýärdi. Emma Çopan Wah-Gorkýanyň üns berip seretmegini buýurdy. Wah-Gorkýan külüň içinde kiçijik bir adaty ýylmanak daşy gördi.
«Ony galdyr we ýanyň bilen al, — diýip, Çopan mähir bilen aýtdy, — bu seniň guran gurbanlyk sypaň we onuň näme aňladýandygy barada ýadygärlik bolsun».
Wah-Gorkýan daşjagazy külden çykaryp, zordan oňa seretdi we ömrüniň ahyryna çenli bu sypany ýatda saklar ýaly hiç zadyň gerek bolmajakdygyny duýýardy. Nädip ol ony we birinji gezekki özüni terk etmekligiň tejribesini ýatdan çykaryp biler? Emma ol boýnuburuklyk bilen Çopanyň özüne beren haltajygyna şol daşy saldy.
Çöle düşmeklik başlandy. Wah-Gorkýan ilkinji ädimlerinden başlap, özüniň bütin bedeninden süýji şatlygyň we parahatlygyň tolkunlarynyň geçendigini duýdy. Çopan ony ugrukdyrmagy çözen eken. Indi Gaýgy bilen Ejirden başga-da, Çopanyň özi hem onuň ýoldaşydy. Wah-Gorkýan ýoda bilen aşak düşüp başlanynda, Çopan onuň şu wagta çenli eşitmedik aýdymyny aýtmaga girişdi. Aýdymyň gaty süýji we rahatlandyryjydygy sebäpli Wah-Gorkýanyň agyrysy ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşip başlady. Edil bu aýdym şu möhleti yza süýşürmäniň sebäbini düşündirýän ýalydy. Ine onuň aýdan aýdymy:
Ýodanyň eňňitligine seretmezden, olar çöle gaty çalt geldiler. Çopan tarapyndan goldawlanan Wah-Gorkýan özüniň güýçsüzligini duýmaýardy. Birinji günüň agşamynda olar eýýäm gum baýyrlaryndan ýöräp barýardylar. Olaryň öňlerinde bir ullakan piramidanyň saýasynda gurlan enaýy kepbeler görünýärdiler. Olar şol ýerde gijäni geçirjekdiler. Gün ýaşyp, günbatarda asman gyp-gyzyl bolanynda, Çopan Wah-Gorkýany kepbelerden piramidalaryň etegine äkitdi.
Çopan Wah-Gorkýana gürrüň bermäge başlady: «Wah-Gorkýan, Belentliklere eltýän ýolda meniň ähli hyzmatkärlerim çölde şu aýlawy geçmeli boldular. Muňa Müsüriň ojagy, «elhenç gorky» (Gelip çykyş 15:12, 17) diýilýändir. Başga ýagdaýda bilip bilmejek köp zatlaryny olar şu ýerde bildiler.
Ybraýym bu ýoldan geçen meniň hyzmatkärlerimiň birinjisi boldy. Ybraýym ilkinji gezek seredinde, bu piramida eýýäm garry we gadymydy. Soňra gözýaşlary we ýüreginiň agyrysy bilen Ýusup bu ýoldan geçdi we ol hem otly ojagyň sapagyny özleşdirip, oňa seredipdi. Şondan bäri meniň adamlarymyň tükeniksiz köplügi bu ýoldan geçdiler. Olar şalyga degişli bolmaklygyň syrlaryny bilmeklik üçin geldiler. Ine-de indi bu ýerde sen, Wah-Gorkýan. Senem şu hatarda dursuň. Bu gaty uly hormat we sen hem isleseň, öňüňdäkiler ýaly ojagyň we elhenç gorkunyň sapagyny özleşdirip bilersiň. Kim şu ojaga girip çyksa, onsoň ol damarynda şanyň gany akýan şazada ýa-da şazadanyň aýaly kimin ýoluny dowam etdirer».
Wah-Gorkýan ýokary, ýagny asmanyň şapagynda gap-gara bolup görünýän we bu adamsyz çölde ýeke özi duran äpet piramida seretdi. Muňa seretmezden, ol Wah-Gorkýanyň şu wagta çenli görmedik beýik binalarynyň biri ýalydy.
Birden bütin çöl bu piramidanyň ýanyndan yzy üzülmän geçýän adamlardan doldy. Ine-de nätanyş ýurtdaky ilkinji kowlanlar bolan Ybraýymyň özi bilen aýaly Saraý. Ine-de doganlary tarapyndan gulçulyga satylan we görgüleri gören Ýusup; ol atasynyň öýüni gözýaşlary bilen küýsäp, diňe şu keseki piramidany görýärdi. Onsoň bir-birleriniň yzyndan gelýän, sanap bolmaýan adam köplügini gördi. Çölde olaryň yzlary üzülenokdy. Hataryň iň soňundaky oňa elini uzatdy. Wah-Gorkýan onuň elinden tutdy: ine, indi ol hem bu beýik zynjyryň bir halkasy. Ol bu sözleri anyk we aýdyň eşitdi:
«...Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn. Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seniň nesilleriňi soň ýene-de öz topragyňa dolap getirerin» (Gelip çykyş 46:3, 4).
Şondan soň Wah-Gorkýan we Çopan ýatmak üçin kepbelerine dolanyp geldiler. Irden Çopan Wah-Gorkýany turuzdy we ony ýola äkitdi. Emma bu gezek ol piramidanyň diwaryndaky kiçijik gapyny açdy-da, Wah-Gorkýany içerik çagyrdy. Ol ýerde binanyň merkezine alyp barýan geçelge bardy, merkezde bolsa ýokarky gatlara çykylýan aýlawly basgançak bardy.
Çopan birinji gatdaky merkezi otagdan gallahana meňzeýän uly otaga geçilýän gapyny açdy we olar şol jaýa girdiler. Otagyň ortarasyndan başga hemme ýerinde uly däne toplumlary bardy. Ol ýerdäki erkekler dürli usullar bilen her hili däneleri üweýärdiler we olaryň käbirlerinde ownuk üwelen un, beýlekilerinde bolsa irimçik üwelen un emele gelýärdi. Aşakda bolsa aýallar otyrdylar we olaryň her biriniň öňünde oýlan ýylmanak daş bardy. Olar bugdaýyň iň oňat hilini üweýärdiler.
Olara biraz syn edip, Wah-Gorkýan ilki bilen dänäniň tä ýenjilýänçe urulýandygyna üns berdi. Onsoň ony üweýärdiler we bu ýagdaý tä ýokary hilli bugdaý çöregini bişirer ýaly ownuk un bolýança gaýtalanýardy.
Çopan Wah-Gorkýana: «Görýäňmi, ulanylyş maksadyna laýyklykda dänäniň her hiliniň üweliş usullary hem gaty tapawutlanýarlar» diýdi. Soňra ol şeýle diýdi: «Çünki künji döwek döwýän bilen döwülmän we tminiň üstünde araba tigri aýlandyrylman, eýsem künji hasa bilen we tmin taýak bilen döwülýär. Bugdaý owradylýarmy? Ýok, döwekçi ony üznüksiz döwmeýär, arabasynyň tigri we atlary onuň üstünde aýlansa-da ony owradmaýar» (Işaýa 28:27–28).
Aýallaryň agyr daşlar bilen çörek dänelerini döwýändiklerine syn edip, Wah-Gorkýan ownuk ak unuň alnyşynyň we ulanmaga taýýar edilişiniň gaty uzyn ýagdaýdygyna üns berdi.
Onsoň ol Çopanyň sesini eşitdi: «Beýlekilere çörek bolmaklygy üçin men öz halkymy Müsürden geçirýärin, çünki Müsürde ol gaty ownadylýandyr. Ýöne ýatda sakla, çörek dänelerini döwýändiklerine seretmezden, hiç kim olary baky üweýän däldir. Döwlen däneler ulanylmaga taýyn bolýança üwelýändir. «Bu-da maslahaty bilen mugjyzalar edýän we hikmeti uly bolan goşunlar Rebbinden gelýär» (Işaýa 28:29)».
Şondan soň Çopan Wah-Gorkýany yza, ýagny merkezi otaga äkitdi we ol ýerden olar garaňkylykda ýokary aýlanyp gidýän aýlawly basgançak boýunça çykyp başladylar. Indiki gatda olar başga bir kiçijik otaga girdiler. Onuň ortarasynda ullakan we tekiz küýzegärçilik tigri bardy. Önüm öndürýän bir küýzegär bu tigiriň başynda durdy. Tigri aýlap, ol toýundan dürli önümleri öndürýärdi. Ol çig maly garyşdyrýardy, kesýärdi we öz islegine görä bir görnüşe getirýärdi. Toýun bolsa onuň elleriniň her bir galtaşmasyna boýun bolup, tigirde gymyldaman ýatyrdy.
Müsürde men hem özümiň iň oňat we owadan gaplarymy ýasaýaryn. Işim üçin özümiň wajyp hasaplaýan esbaplarymy getirýärin (Ýir. 18 ser). Soňra ýylgyryp, sözüni dowam etdirdi: «Men seniň bilen şu küýzegäriňki ýaly edip bilmerinmi? Ine, toýun küýzegäriň elinde nähili bolsa, sen-de Meniň elimde şeýlesiň» (Ýir. 18:6 ser).
Soňunda ol ony basgançak boýunça iň ýokarky gata eltdi. Olar ol ýerde küreli otagy tapdylar, bu kürede bolsa altyn eredilip, her hili galyndylardan arassalanýardy. Şeýle-de, kürede daşyň ýonulmadyk bölekleri we özünde kristal saklaýan önümler bardy. Olary güýçli ýanyp duran kürä saldylar we birnäçe wagtlap şol ýerde sakladylar. Ine, yzyna çykaranlarynda olar indi ýalpyldaýan gymmatbaha daşlardy. Olar içlerinde ot bar ýaly ýalpyldaýardylar. Çopanyň ýanynda durup we oda seredip, Wah-Gorkýan onuň iň owadan sözlerini eşitdi:
«Eý ynjalyksyzlyga düşüp-de, teselli tapmadyk muşakgatly, ine Men seniň daşlaryňy sürme daşynda goýup, düýbüňi gök ýakutlar bilen tutaryn. Küňrüleriňi ýakutdan, derwezeleriňi lagyldan we daşky diwarlaryňy gymmatbaha daşlardan ederin» (Işaýa 54:11–12). Onsoň ol: «Meniň iň gymmatbaha daşlarym we iň arassa altynym — Müsür ojagynda eredilenlerdir» diýdi. Onsoň ol kiçijik aýdymyň bir beýdini aýtdy:
Olar çölde ýene birnäçe gün boldular we Wah-Gorkýan özüniň şu wagta çenli bilmedik birnäçe zatlaryny bildi.
Ýöne bir zat ony gaty geň galdyrdy. Bu beýik çölde diňe käbir ýerlerde duş gelýän tertipsiz çomalyp duran çal kaktuslardan başga ýekeje agaç-da, gül-de, hiç hili ösümlik-de ösenokdy.
Iň soňky günüň daňynda Wah-Gorkýan çölüň ýaşaýjylarynyň kepbeleriniň we çadyrlarynyň golaýynda aýlanyp ýördi. Birden-de ol diwaryň arkasyndaky bir burçda kiçijik sarymtyl-altyn güle duş geldi. Bu gül doly ýekelikde ösýärdi. Şol ýerde bir köne suwly gap bardy. Şol gapda bolsa, kiçijik deşik bardy we şol deşikden wagtal-wagtal suw damjalary çykýardy. Şol damjalaryň akýan ýerinde bu kiçijik altyn gül ösüpdir. Bu gülüň tohumynyň nireden peýda bolandygyny Wah-Gorkýan hiç göz öňüne getirip bilmeýärdi, çünki çar tarapda ýekeje-de guş ýa-da ösümlik görünmeýärdi.
Ol şeýle bir umyt we batyrgaýlyk bilen suwuň damjalaryna tarap ymtylýan ýeke we owadan bolan kiçijik gülüň ýanynda saklandy-da, ondan ýuwaşja sorady: «Seniň adyň kim? Men şu wagta çenli seniň ýalyny görmedim».
Kiçijik gül özi ýaly altyn ses bilen: «Ine men, seret! Meniň adym Şatlyk-bilen-kabul-edýän» diýdi.
Wah-Gorkýan özüniň piramidada görenleri barada: däne üwelişi, sesli küýzegärçilik tigri we otly küre barada oýlandy. Ýaşalmaýan çölde doly ýekelikde ösen altyn gülüň beren jogaby Wah-Gorkýanyň ýüreginde galypdy we ony rahatlyk bilen dolduryp, ýuwaşja, ýöne süýji heň bilen ýaňlanýardy. «Men muny islemeýärkäm, ol meni bu ýere getirdi. Menem oňa bakyp: «Ine men, seret! Men seniň kiçijik hyzmatkäriň Şatlyk-bilen-kabul-edýän» diýerin» diýip, Wah-Gorkýan öz içinden oýlandy. Onsoň aşak egilip, gülüň ýanynda gumda ýatan kiçiräk ýylmanak daşy aldy we ony birinji gurbanlyk sypasyndan alan daşyny saklaýan haltajygyna saldy.
Ýedinji bap
Ýekeligiň kenarynda
Çopan Wah-Gorkýana ýüzlenip, şeýle diýdi: «Seni taşlap, daglara dolanmaly wagtym gelip ýetdi. Hiç haçan bolmaýşy ýaly, hut şu pursatda sen özüňi menden we Belentliklerden gaty uzakda duýmaklygyň mümkin. Emma ýadyňda sakla, biziň aramyzda hiç hili aralyk ýok. Men Belentliklerden jülgelere bökjekleýşim ýaly, çöli hem onuň çägeleri bilen çaltlyk bilen geçip bilerin. Seniň sesiňi bir gezek eşidenimde, şol pursat ýanyňa gelerin. Meniň sözlerime ynan we olary şatlyk bilen ulan. Goýunlarym sesimi eşidip, meniň yzymdan ýöreýändirler.
Eger maňa boýun bolup, seniň üçin saýlan ýolumdan ýöremek isleseň, onda sen hemişe meniň sesimi eşidip, ony tanap bilersiň. Emma sen ony eşideniňde, oňa boýun bolmaly bolarsyň. Şeýle-de, eger hatda geçilmezek we düşnüksiz görünseler-de, meniň ýollarymdan ýöremegiň howpsuzdygyny ýadyňdan çykarma».
Bulary aýdandan soň Çopan Wah-Gorkýana pata berip, çölde uly ädimleri bilen bökjekläp, biziň gahrymanymyzyň arka tarapynda ýerleşýän Belentliklere tarap daşlaşyp ugrady.
Wah-Gorkýan öz ýoldaşlary bilen bu uly deňziň kenary boýunça birnäçe günläp ýöredi. Özüniň hakyky ýekeligiň nämedigini şu wagta çenli bilmändigine indi göz ýeterýän ýaly bolup görünýärdi.
Özüniň dostlary bilen ýaşan ýaşyl jülgesi gaty yzda galdy. Hatda daglar hem gözden ýitdi. Edil bütin ýagty älemde bir tarapdan çölüň tükeniksiz çägelerinden, beýleki tarapdan bolsa, gaýgyly iňňildili deňizden başga hiç zat galmadyk ýalydy. Ol ýerde hiç zat — ne agaç, ne jeňňel, ne-de ot ösýärdi. Deňiz kenarlarynda bolsa agaç bölekleri we çolaşyp ýatan mele reňkli suw otlarynyň ullakan toplumlary bardy. Daş-töwerekde gykylyk bilen kelle üstünde aýlanýan deňiz çarlaklaryndan we çägedäki öz hinlerine gyssanyp barýan leňňeçlerden başga hiç bir diri zat ýokdy. Şol wagta ýakynlap, kesip barýan buz ýaly şemal deňizden gaty sykylyk bilen kenara urulýardy.
Şu günler Wah-Gorkýan öz ýoldaşlarynyň ellerini goýbermeýärdi we olaryň kömegi bilen ol gaty çalt ýöreýärdi. Hemmesinden-de täsin zat — bu Wah-Gorkýanyň ýöreýşiniň üýtgemegidi. Hiç haçan ol şunuň ýaly, ýagny agsaklykdan azat bolan ýaly göni we çalt ýöremändi. Çölde onuň bilen bir zat bolup geçipdi we ol Wah-Gorkýanda ömürlik yz galdyrypdy. Bu içki, gizlin bellikdi. Daş tarapdan hiç kim hiç hili tapawuda üns bermezdi. Muňa seretmezden, bu durmuşyň täze basgançagynyň başlandygy hakynda şaýatlyk edýän içki çuňňur üýtgeşiklikdi.
Ol Müsürde bolup, degirmen daşyny, küýzegärçilik tigrini, küreni gördi we olaryň heniz özüniň başyndan geçirmeli synaglaryny aňladýandygyna düşündi. Nähilidir bir täsin halda Wah-Gorkýan bu täze bilimleri kabul edip, olar bilen ylalaşyp bildi. Şeýle-de, ol bulary kabul edenligi sebäpli, özüniň köne durmuşy bilen täzesiniň arasynda ullakan uçudyň peýda bolandygyna ýüregi bilen düşünýärdi.
Yzyna — geçen wagta, daglaryň arasyndaky ýaşyl jülgä bakyp, Wah-Gorkýan ol ýerde özüni gördi: ol Çopanyň beýleki işgärleri bilen özüniň kiçijik sürüsini bakýardy, öz garyndaşlarynyň öňünde ýaranjaňlyk edýärdi, ertirine we agşamyna bolsa, Çopan bilen duşuşyga çeşme boýuna gidýärdi. Emma onuň görýäni nähilidir bir keseki, nätanyş biridi we Wah-Gorkýan özüne: «Men şol aýaldym, emma indi men başgadyryn» diýdi.
Ol munuň nädip amala aşandygyna düşünmeýärdi, emma Çopanyň aýdanlary ýerine ýetdi. Çünki kim Müsür ojagyna girip, ol ýerde Kabul-etmeklik gülüni tapsa, onda ol üýtgäp, ol ýerden maňlaýynda şalyga degişli bolmaklyk möhüri bilen çykýandyr. Dogrusyny aýdanda, Wah-Gorkýan özüniň şalyga degişlidigini hiç duýmaýardy. Muňa seretmezden, ol eýýäm bu möhür bilen bellenendi we indi ol hiç haçan öňküsi ýaly bolup bilmezdi.
Şonuň üçin gün-günden Gaýgy we Ejir bilen beýik Ýekelik deňziniň kenarlary boýunça Wah-Gorkýan nägilesiz we gorkusyz öňe ýöreýärdi. Hakykatdan-da, ýuwaş-ýuwaşdan bolup bilmejek zat amala aşdy. Onuň ýüreginde nähilidir bir täze şatlyk peýda boldy we ol şu wagta çenli aň ýetirip bilmedik daş-töweregiň owadanlygyny saýyp başlady.
Öňki ähli gaýgyly bolup görünýän zatlar indi Wah-Gorkýany ruhlandyryp, şatlandyrýardy. Bar gaýgylaryň manysyny niredendir bir ýerden, nähilidir bolsa, bir zat edip özüniň biljekdigini Wah-Gorkýan duýýardy. Bu jogap şeýle bir adyl we täsin bolanlygy üçin oňa düşünmek heniz hiç kime berilmändir.
Bir gezek Wah-Gorkýan şatlykdan ýaňa huşundan giden ýaly bolanynda, buýsanç bilen öz-özüne: «Ol meni synaga salanda men altyn kimin bolaryn. Agşamara agy höküm sürýändir, ertirine bolsa şatlyk» diýdi.
Ine-de olar kenaryň beýik gaýaly we çar tarapa ýaýrap ýatan ullakan daşly ýerine geldiler. Şu ýerde olar düşlemelidiler. Ýerleşmeli ýerlerini tapanlaryndan soň, Wah-Gorkýanyň ýeke özi aýlanmaga gitdi. Gaýa dyrmaşyp çykyp, ol üç tarapy kert gaýalar bilen gurşalan kiçiräk aýlagyň üstünde saklanyp, aşak seretdi. Emma ol ýerde agaç böleklerinden we çolaşyp ýatan suw otlaryndan başga hiç zat ýokdy. Bu ýeriň geň galdyryjy boşlugy Wah-Gorkýany haýran galdyrdy. Bu kiçiräk aýlag edil uzakdaky suw joşgunyna gaýgy bilen garaşýan boş ýürek ýaly ýatyrdy. Suw gaty aşak düşüp, indi hiç haçan yzyna dolanyp bilmejek ýalydy.
Wah-Gorkýanda şol ýalňyz duran kiçiräk aýlagy ýene bir gezek baryp görmeklik duýgusy peýda boldy. Ýöne birnäçe sagatdan ol baryp görse, hemme zat üýtgäpdir. Indi ullakan tolkunlar bar güýçleri bilen kenardaky gaýalara urulýardylar. Ýakynrak baryp seredende, Wah-Gorkýan öňki boş ýatan aýlagyň gyralaryndan suwuň dolup dökülýändigini gördi.
Beýle özgertmäni gören Wah-Gorkýan gaýanyň gyrasynda dyzyna çöküp, şol ýerde özüniň üçünji gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol seslenip: «Eý meniň Taňrym! Meni şu ýere getireniň üçin senden gaty minnetdar. Görýäňmi, ine men şu aýlagyň öňki bolşy ýaly boşduryn. Emma men Seniň wagtyň bolan, Söýgi akymlarynyň meni gyralaryma çenli doldurmagyna garaşýan» diýdi. Soňra ol şol ýerden kiçijik daşjagazy alyp, ony öz ýany bilen göterýän haltajygyndaky öňki daşlaryň ýanyna saldy.
Täze gurbanlyk sypasyny ýasanyndan biraz wagt geçmänkä, Wah-Gorkýany çar tarapyndan ýene-de duşmanlary gurşap aldylar. Uzakdaky Kemsitme jülgesinde onuň garyndaşlary Tekepbirligiň olja bilen bile dolanyp gelmekligine garaşýardylar. Emma wagt geçýärdi, ol bolsa Wah-Gorkýan bilen gaýdyp gelenokdy. Onuň işleriniň şowuna barmandygyny, Tekepbirligiň bolsa, öz tekepbirligi sebäpli muny boýun almajakdygyny hemmeler bilýärdi. Heniz Wah-Gorkýan hakyky Belentliklere ýetip, öz garyndaşlary üçin has elýetmez bolmanka, mümkin boldugyndan çaltlyk bilen Tekepbirlege goldaw bermekligi Elhençler makul bildiler.
Içalylar iberildi. Olar Tekepbirligi tapdylar we ondan Wah-Gorkýanyň daglarda däl-de, uzakdaky Ýekelik deňziniň kenarlaryndadygy hakynda habar getirdiler. Onuň daglardan ters tarapa gidýändigini aýtdylar. Bu habarlar olar üçin garaşylmadyk ýagdaýda ýakymly we ruhlandyryjydylar. Şeýlelik bilen, Tekepbirlige nähili goldawyň gerekdigi anyk boldy. Tekepbirlige kömek edip, Wah-Gorkýany sabyrsyzlyk bilen garaşýan garyndaşlaryna gaýtaryp getirmek üçin Öýkäni, Hasraty we Özüne-haýpy-gelmekligi ibermeklik biragyzdan çözüldi.
Ine-de olaryň dördüsi bilelikde Ýekelik deňziniň kenarlaryna ylgadylar. Wah-Gorkýan hakyky elhenç hüjümler döwrüni başdan geçirmeli boldy. Ýöne onuň duşmanlarynyň özleriniň bilýän öňki Wah-Gorkýany bilen iş salyşmaly boljak däldikleri tizara belli boldy. Olar onuň ýanyna hiç ýakyn baryp bilmeýärdiler, çünki ol Gaýgy bilen Ejiriň ellerinden berk tutýardy we öňküsi ýaly däl-de, bu gezek höwes bilen olaryň kömegini kabul edýärdi. Muňa seretmezden, duşmanlary onuň üstünden gygyryp gülmeklerini we masgaralamaklaryny bes edenokdylar. Wah-Gorkýana ahyrynda, edil nirä aýagyny bassa, şol ýerden duşmanlarynyň biriniň peýda bolup, ony masgaralaýan ýaly bolup görünýärdi.
Tekepbirlik gahar bilen gygyryp: «Men saňa diýdim-ä! Hany indi sen nirde, meniň samsyjagym? Belentliklerdemi? Meňzeş zady göremok! Bütin Kemsitme jülgesiniň bu barada bilendigini we hemmeleriň seniň üstüňden gülýändigini sen bilýäňmi? Öz ýüregiň isleglerini gözleýäň, şeýle dälmi? Ol bolsa (meniň aýdyşym ýaly) seni Ýekeligiň kenarlarynda taşlady. Näme üçin sen meni diňlemediň, meniň kiçijik samsyjagym?» diýdi.
Soňra beýleki gaýadan Öýke kellesini galdyrdy. Onuň daş görnüşi gaty betnyşandy, ýöne onuň edepsizligi nähilidir bir özüne çekijidi. Öýke oňa ünsli seredende, Wah-Gorkýan ondan zordan gözüni aýyrdy, Öýke bolsa ony masgaralamaga başlady: «Wah-Gorkýan, sen özüňi edil kör tentek ýaly alyp barýandygyňy bilýäňmi? Yzyna eýeren Çopanyň kim? Sende bar zady talap eder ýaly ol nähili adam; seniň hödürleýän zatlaryňyň barany alyp, olaryň deregine saňa gam-gussa, betbagtlyk we üstüňden gülünmeden başga hiç zat bermeýärmi? Näme üçin bulary etmäge oňa rugsat berýäň? Näme, sen özüň üçin durup bilmeýäňmi? Öz wadasyny ýerine ýetirip, seni basym Belentliklere äkitmegini talap edip bilmeýäňmi, näme? Eger ol boýun towlasa, onda onuň yzyndan eýermekligiň ähli borçlaryndan özüňi azat hasaplaýandygyňy aýdaý!».
Onsoň Hasratyň masgaralaýjy sesi eşidildi: «Sen näçe oňa boýun bolsaň, ol şonça-da senden köp zat talap eder. Ol seniň bilen gaty gödek gatnaşyk edýär we seniň wepalylygyňy öz peýdasy üçin ulanýar. Eger sen kesirligiňe galyp, onuň yzyna eýermegiňi dowam etdirseň, onda onuň geljekki talaplary öňki talaplaryndan hem gaty agyr bolar. Ol özüniň yzyna eýerijilere, hatda aýallara we çagalara-da türmelerde ýenjilmeklige, hat-da urlup öldürilmeklige-de rugsat berýär. Sen, kiçijik agsak, sen bulara çydap bilermiň, näme? Heniz ol senden iň beýik gurbanlygy talap etmän-kä, seniň bu oýundan çykyp, ony taşlamagyň gowy bolar. Ol seni iru-giç, haçan hem bolsa, bir ölüme iberer we ol ýerde seni taşlar».
Nobatyň indikisi bolup, gürrüňe Özüne-haýpy-gelmeklik girişdi we ol beýlekilerden-de elhenç ýalydy. Onuň sözleýşi gaty mylaýym we sesi örän nalalydy welin, Wah-Gorkýan ondan ýaňa tas eräp, turşapdy.
«Wah-waheý, kiçijik biçäre Wah-Gorkýan! Sen dogrudanam şeýle wepaly bolup, oňa hiç zatdan boýun towlamadyňmy? Ol bolsa seniň bilen gaty gödek gatnaşyk edýär. Onuň seni söýýändigine henizem ynanýaňmy? Hakykatdan-da onuň saňa oňat zatlary isleýändigine-de ynanýaňmy?
Özüňe haýpyň gelmeklige seniň doly hakyň bar. Hatda eger sen onuň üçin kynçylyk çekmäge taýyn hem bolsaň, hiç bolmanda beýlekiler hem bu barada bilmelidirler. Olaryň edişleri ýaly seniň üstüňden gülmän, olaryň saňa haýpy gelmeli. Ýöne seniň düşnüksiz bolmaklygyň we ejer çekmekligiň onuň yzyna eýerýäniňe lezzet berýän bolsa gerek. Çünki her gezek sen oňa boýun bolanyňda, ol seni üwemek üçin ýene täze jebir jepalary oýlap tapýar». Özüne-haýpy-gelmekligiň iň soňky aýdanlary ýalňyşdy. Çünki üwemek sözi özleriniň piramidanyň ýanynda bolan wagtlaryndaky Çopanyň aýdan sözlerini Wah-Gorkýana ýatlatdy. Şonda Çopan: «Çörek dänelerini döwýändiklerine seretmezden, hiç kim olary baky üweýän däldir. Döwlen däneler ulanylmaga taýyn bolýança üwelýändir. «Bu-da maslahaty bilen mugjyzalar edýän we hikmeti uly bolan goşunlar Rebbinden gelýär» (Işaýa 28:29)».
Wah-Gorkýan muny ýadyna düşürende, Özüne-haýpy-gelmekligi haýran galdyryp, ol bir saldamly daşy tapdy-da, oňa tarap oklady. Birnäçe wagt geçeninden soň, Özüne-haýpy-gelmeklik bu wakany ýatlap, ah çekip öz dostlaryna gürrüň beripdi: «Eger men aşak egilip, towşan kimin gaçmadyk bolsam, onda bu kiçijik igenjeň gyzjagaz meni öldüribem bilerdi!».
Emma gün-günden şeýle hüjümlere duş gelmeklik gaty ýadadýardy. Heniz Gaýgy bilen Ejir Wah-Gorkýanyň elinden berk tutýarkalar, ol howpsuzlykdady we duşmanlarynyň hiç bir niýetleri-de amala aşyp bilmeýärdi. Ahyrynda iň kyn pursat gelip ýetdi.
Bir gezek özüniň ýoldaşlary uka batanlarynda, Wah-Gorkýan seresapsyzlyk bilen ýeke özi aýlanmaga gitdi. Bu gezek ol özüniň söýgüli ýeri bolan kiçijik aýlagyň ýanyna däl-de, başga tarapa gitdi. Ol gaýalaryň deňze girip, uçut bilen gutarýan örän inçe ýarym adany emele getirýän ýerine dyrmaşyp çykdy.
Bu burnuň soňuna çenli baryp, Wah-Gorkýan deňziň çäksiz giňişliklerine syn edýärdi. Birden ol özüniň ýanyna ähli dört duşmanlarynyň gelýändiklerini we özüni gurşap alýandyklaryny gördi. Şonda onuň güýçli özgerendigi mälim boldy. Çünki duşmanlarynyň ýakynlaşýandyklaryny göreninde, gorkudan huşundan giden ýaly bolman, Wah-Gorkýan (agaran we gorkuzylandygyna seretmezden) her eline bir daş alyp, arkasy bilen ullakan gaýa ýanaşdy. Ahyryna çenli garşylyk görkezmegi ol ýüregine düwüpdi. Onuň bagtyna, duşmanlaryň dördüsiniň hem bilelikde ýakynlaşarlary ýaly ol ýer gaty inçedi. Emma şu ýagdaýda Tekepbirlik özüniň ullakan taýagy bilen öňe geçdi.
Ol Wah-Gorkýana: «Daşlaryňy taşlap bilersiň, Wah-Gorkýan. Biz dörtdüris we biz seniň bilen islänimizi edip bileris, çünki indi sen biziň elimizdesiň! Sen bizi ýöne bir diňlemän, eýsem biziň bilen bile gidersiň» diýdi.
Wah-Gorkýan edil hiç kimsiz asmana bakýan ýaly bolup, bar güýjünden gygyrdy-da: «Eý, Taňrym, gel-de, meni azat et, gijikme!» diýdi.
Dört nejisleriň gorkularyna şol pursatda Çopan peýda boldy. Ol olara tarap inip, şahlaryny öňe uzadýan ullakan dag geçisinden-de gaharly görünýärdi. Öýke, Hasrat we Özüne-haýpy-gelmeklik gaçyp, özlerini aşak oklamaga ýetişipdiler. Emma Tekepbirlik bolsa, eýýäm Wah-Gorkýanyň elinden tutup ýetişipdi we Çopan göni onuň ýanyna barýardy. Ol Tekepbirligiň egninden tutdy we ony ýokary galdyryp (Tekepbirlik bolsa, agy sesliri bilen gygyrýardy), uçutdan deňze zyňdy.
Zordan demini alyp, özüne gelen Wah-Gorkýan: «Eý, Çopan, sag bol. Nähili pikir edýäň, indi, ahyry Tekepbirlik öldümikä?» — diýip sorady.
Çopan jogap berip: «Ýok, bu gümanly» diýdi. Muny diýeninden soň ol aşak seretdi we balyk kimin ýüzüp, kenara ýakynlaşýan Tekepbirligi görüp, şeýle diýdi: «Ine-de ol. Emma şu gün ol hiç haçan ýadyndan çykaryp bilmejek aşak gaçmany başyndan geçirdi we onuň birnäçe wagtlap agsaklap ýörejekdigine şübhelenmeýän. Beýleki üçüsi bolsa bir gizlin ýerde gizlendiler. Meniň seniň ýanyňdadygymy we meni kömege çagyryp bilýändigiňi bilenlerinde, indi olar saňa hiç haçan hem azar bermezlikleri ähtimal» diýdi.
Wah-Gorkýan Çopandan: «Çopan, aýtsana, näme üçin men ýene-de tas Tekepbirligiň eline düşüpdim? Näme üçin Öýke, Hasrat we Özüne-haýpy-gelmeklik elhenç we uzak wagtlap maňa azar berip bildiler? Maňa ýakyn gelmäge gaýrat tapmandyklary we maňa çynlakaý topulmandyklary sebäpli, men seni irräk çagyrmadym. Emma olar özleriniň nejis sözleri bilen hemişe maňa ýakynlaşýardylar we men olardan hiç dynyp bilmedim. Näme üçin beýle boldy?» diýip sorady.
«Meniň pikirimçe, soňky wagtlar seniň ýoluň ýeňilleşdi, gün hemişe çykyp durdy we sen dynç alyp bolýan ýere geldiň. Sen az wagtlap özüňiň — meniň hyzmatkärim Şatlyk-bilen-kabul-edýändigiňi ýadyňdan çykardyň. Sen öz-özüňe meniň seni indi ýokara, daglara, Belentliklere äkitmelidigimi aýdyp başladyň. Eger seniň ýüregiňde Kabul-etmeklik gülüniň deregine haşal ot bolan Sabyrsyzlyk ösýän bolsa, onda duşmanlaryň hemişe seni ýeňerler» diýip, mähir bilen Çopan Wah-Gorkýana düşündirdi.
Wah-Gorkýan gyzardy. Ol onuň aýdýan zatlarynyň ählisiniň dogrudygyny bilýärdi. Häzirkisi ýaly, ýagny gün çykyp, daş-töweregiň şatlykdan we hoşallykdan doly bolşy ýaly bolman, öňküsi ýaly, ýagny deňziň çal we tukat bolanda Wah-Gorkýana sabyrly bolup, ýoluň ähli kynçylyklaryny kabul etmek aňsatdy. Ol Çopanyň elinden tutup, gaýgyly bolup, oňa: «Sen doly mamlasyň. Hakykatdan-da, meni bu ýoldan gaty kän wagtlap ýöredýändigiň we özüňiň beren wadaňy ýadyňdan çykarandygyň barada men oýlanyp başlapdym» diýdi. Soňra ol oňa bakyp, töwekgellik bilen şeýle diýdi: «Emma şu wagt men saňa çyn ýürekden aýdýaryn: Sen — meniň Çopanym. Men seniň sesiňi eşidip, oňa boýun bolmagy isleýärin. Seniň yzyňa düşmeklik maňa şatlyk getirýär. Meniň Taňrym, sen saýla, men bolsa boýun bolaryn».
Çopan aşak egilip, Wah-Gorkýanyň aýagynyň ýanynda ýatan daşjagazy aldy-da, ýylgyryp: «Şuny haltajygyňdaky beýleki daşlaryň ýanynda goý. Bu şu gün baradaky ýadygärlikdir. Şu gün sen öz duşmanyň bolan Tekepbirligiň ýeňlendigini ilkinji gezek gördüň we şu gün sen öz ýüregiňiň isleglerini ýerine ýetirjek sagadyma sabyrlylyk bilen garaşjakdygyňa wada berdiň» diýdi.
Sekizinji bap
Köne gaçyda
Şatlykdan çapak çarpmaklyk üçin ol ellerini özüniň ýoldaşlarynyň ellerinden boşatdy. Aralygyň daglara çenli näçe uzakdygyna seretmezden, indi hiç bolmanda, olar dogry tarapa ýöreýärler.
Olaryň üçüsi hem çöl üsti bilen yzlaryna gidip başladylar, emma Wah-Gorkýan öz ýoldaşlaryna garaşyp bilmän, edil hiç haçan agsaklamadyk ýaly öňe ylgap gitdi.
Birden ýol göni burç astynda buruldy we daglardan has beýleki tarapa, ýene-de günorta tarapa öwrüldi. Ol uzaklarda çölüň gutaryp, baýyrlyklara geçen ýerine tarap gidýärdi. Wah-Gorkýan lal bolup, gorkuda doňup galdy. Ol titreýärdi. Çopanyň «ýok» diýip, ýoly ýene-de yzyna öwürmegi bolup biljek zat däl!
«Çykmadyk tama ýürege dertdir» diýip, gadymy akyldar aýdypdyr we ol doly mamla! Wah-Gorkýan ýodadan daglara şeýle bir şatlyk bilen bökjekleýärdi welin, Gaýgyny we Ejiri gaty yzda galdyrypdy. Olar onuň yzyndan ýetenlerinde, Wah-Gorkýan ýoluň daglardan ters tarapa öwrülen ýerinde ýeke özi durdy.
Wah-Gorkýana has ýakyn bolan gum baýrynyň arkasynda onuň duşmany Hasratyň keşbi göründi. Eýýäm ol akylly bolmaklygy biraz öwrenip, Wah-Gorkýana ýakyn baryp bilmeýärdi. Hasrat Wah-Gorkýany Çopany çagyrmaklyga mejbur etdiresi gelenokdy. Ol ýöne durup, oňa seredýärdi. Hemişe gülýärdi, gülýärdi... Şunuň ýaly ajy sesi Wah-Gorkýan hiç eşitmändi.
Ýylanyň zäherliligi bilen Hasrat: «Näme üçin sen hem gülmeýäň, meniň kiçijik samsyjagym? Munuň şeýle boljakdygyny sen bilýärdiň ahyryn» diýdi. Özüniň gülküsiniň sesinden bütin çöl dolýança, ol bu nejis sözleri aýdyp durdy. Gaýgy bilen Ejir Wah-Gorkýanyň ýanyna gelip, sessiz-üýnsüz durdular. Birnäçe wagtlap daş-töwerekde ähli zat agyrydan we «elhenç gorkudan» doňup galypdy. Duýdansyz ýagdaýda çölde güýçli ýel şuwwuldap, olary kör eden çägäniň we tozanyň buludyny ýokarlara göterdi.
Ýeliň yzysüre gelen ümsümlikde Wah-Gorkýan özüniň titreýän, ýöne aýdyň sesini eşitdi: «Eý Taňrym, sen maňa näme diýmek isleýäň? Aýdyber, çünki seniň guluň eşitmäge taýyn».
Indiki pursatda Çopan eýýäm onuň ýanynda durdy. Ol oňa: «Ruhdan düşme we gorkma, bu men. Maňa ýene-de bir gurbanlyk sypasyny ýasa we oňa ýakylýan gurbanlygy edip özüňiň bütin erkiňi getir» diýdi.
Wah-Gorkýan boýnuburuklyk bilen çägedir daşlaryň baryndan bir kiçiräk üýşmek edip, ýene-de öz erkini oňa goýdy we (Gaýgynyň gelip, özüniň ýanynda duranlygy sebäpli) gözýaşlary bilen: «Eý meniň Taňrym, seniň erkiňi amala aşyrmaga men şat» diýdi.
Näbelli bir çeşmeden kiçijik ot ýalyny peýda bolup, gurbanlygy ýuwutdy we sypada diňe kiçijik üýşmek kül galdyrdy. Soňra Çopanyň sesi eşidildi: «Bu eglenme ölüme däl-de, Hudaýyň şöhrady üçindir».
Ýel peýda bolup, küli dargatdy we gurbanlyk sypasynda diňe ýönekeý bir daş galdy. Wah-Gorkýan ony alyp, haltajygyndaky beýleki daşlaryň ýanyna saldy. Onsoň ol ýerinden turdy we olar bilelikde günorta tarap ýollaryny dowam etdirdi. Gapdallaryndaky baýyrlarda gizlenip ýörän Öýke bilen Özüne-haýpy-gelmeklikden goramak üçin, Çopan olar bilen azajyk ýoly bile geçdi.
Tiz wagtdan syýahatçylar yzda galan derýanyň çöle galtaşyp duran ýerinde emele getiren ullakan deňiz goluna baryp ýetdiler. Daşgyn wagty bolupdy we ähli boşluklary dolduryp, güýçli tizlik bilen suw ýokary göterilýärdi. Ýöne bu deňiz golunda köp sütünli daşdan edilen gaçy gurlupdy. Gumdan ýasalan depe oňa eltýärdi. Çopan Wah-Gorkýana deňizden şu ýol arkaly geçmekligi buýurdy. Onsoň ol ýörite ýene bir gezek gurbanlyk sypasynyň boýunda aýdanlaryny gaýtalady-da, ol ýerden aýryldy.
Gumdan ýasalan depä dyrmaşyp, Wah-Gorkýan özüniň iki ýoldaşlary bilen köne deňiz gaçynyň ýokarsyna çykdylar. Özleriniň çykan ýerlerinden olar yzda galan çöle bütinleý syn edip bilýärdiler. Bir tarapda deňiz, beýleki tarapda bolsa, uzak we aýdyň bolmadyk daglar çalaja görünýärdi. Olaryň oňat görünmeýänligi sebäpli köp ýolagçylar özleriniň hakykatdan-da daglary görýändiklerini ýa-da isleýänlerini hakykat hökmünde kabul edýändiklerini-de bilmeýärdiler.
Onsoň olar özleriniň şu gaçy boýunça gitseler, onda tizara has başga ýere düşjekdiklerini gördüler. Ol ýerde baýyrlar we ösüp ýatan tokaýlary, baglaryň we meýdanlaryň arasyndaky ululy-kiçili jaýlary bolan jülgeler bardy. Gün şadyýanlyk bilen şöhle saçýardy we gaçynyň ýokarsynda olar ýeliň bütin güýjüni duýdular. Ýel bilen eýläk-beýläk çaýkanýan tolkunlar gaçynyň aşagynda her hili ses edip, onsoň kenarlara urulýardylar.
Suwuň we ýeliň hereketlerine syn edip, Wah-Gorkýan özüni edil süýji şerapdan doýup, serhoş bolan ýaly duýýardy. Ýel onuň ýaňaklaryna urýardy, saçlaryny bulaşdyryp, geýimlerinden çekýärdi. Hatda ony tas ýykypdy, emma ol aýak üstünde durup, bar güýji bilen gygyrýardy. Ine onuň köne gaçynyň üstünde durup gygyryp, aýdanlary:
«Şindi başym daş-töweregimdäki duşmanlarymyň depesine galyp dur. Men Onuň çadyrynda şatlyk gurbanlaryny hödürlärin, aýdym aýdaryn, hawa Rebbe nagma aýdaryn» (Mezmer. 27:6).
Şu sözler bilen ol öz içinden oýlandy: «Çopanyň duşmany bolmaklyk elhenç bolsa gerek. Çünki onuň duşmanlary hemişe, hemişe ýeňilýärler ahyryn! Hemişe, hemişe olaryň ellerinden oljalaryny äkidýärler. Hatda iň samsyjak we has güýçsüzleriň Belentliklere çykyp, özlerine elýeter bolmaýandyklaryny görmeklik olary dälilige eltýän bolsa gerek».
Heniz gaçydan aşak düşmänkä, Çopanyň öwredişi ýaly ol ýerden bir daşy aldy-da, özüniň ýadygärlikli haltajygyna saldy. Bu gezek Çopanyň oňa öz duşmanlarynyň üstünden beren ýeňşi baradaky ýadygärlik üçindi. Onsoň ol Gaýgy we Ejir bilen gaçynyň üstünden ýollaryny dowam etdirdi we ýasama depe boýunça beýleki tarapa aşak düşüp, tokaýa girdiler.
Uzak wagtlap çöldäki syýahatdan soň tebigatyň üýtgemegi gaty täsindi. Töwerekdäki bar zatlary gyş ukusyndan oýaryp, kän garaşylan ýaz öz hukugyna girişýärdi: agaçlar mylaýym ýaşyl ýaprajyklara bürenip, pyntyklar hem çişip başlapdy. Çar tarapda dürli reňkli güller görnüp başlapdy. Gyzygyp, höwürtge gurýan guşlar bir-birlerine nobat bermän saýraýardylar.
Wah-Gorkýan gyşyň ölüminden oýanmaklygyň nähilidigine hiç haçan düşünmändigini özüne aýtdy. Belki şu owadanlyklara gözüni açmak üçin ýaşalmaýan çöl-beýewan gerek bolandyr. Tokaýda gidip barşyna ol özi bilen bile Gaýgynyň we Ejiriň hem gidýändiklerini birnäçe wagtlap ýadyndan hem çykarypdy.
Wah-Gorkýan nirä nazar salsa-da, agaçlardaky ýaýylyp barýan ýapraklar hem, höwürtgeleýän guşlar hem, bökjekleýän awusiýdikler hem, gülleýän güller hem özleriniň aýratyn dillerinde bir-birleri bilen salamlaşyp, ählisi hem şol bir zady aýdýandyklary ýalydy. Olar şatlyk bilen: «Görýäňizmi, ine-de gyş gutardy! Eglenme ölüme däl-de, Hudaýyň şöhrady üçin boldy. Hiç haçan şunuň ýaly owadan ýaz bolmandy!» diýişýärdiler.
Şol bir wagtyň özünde Wah-Gorkýanyň özi hem täsin duýgyny başdan geçirýärdi: onuň ýüreginde hem bir zat ösüp, täze durmuşa ymtylýan ýalydy. Bu duýgy gaty süýjüdi we şol bir wagtyň özünde agyry bilen garyşandy, şol sebäpli hem ýüreginde haýsysynyň köpdügini Wah-Gorkýan bilenokdy. Ol Çopanyň oturdan Söýgi tohumy barada pikirlendi. Hakykatdan-da, ol kök urup, eýýäm ösýärmi-kä öýdüp, ol käýarym gorky bilen, käýarym-da sabyrsyzlyk bilen seredýärdi. Ine, ol ýapraklar topbagyny gördi, baldagyň ujunda bolsa, oňa eýýäm gunça diýip boljak kiçijik bir zat bardy.
Heniz bu çybyga seredýär-kä, onuň kellesine bir pikir geldi. Çopanyň haçanda Söýginiň güli güllemäge taýýar bolanda, şonda onuň söýüljekdigini we Belentliklerde täze at aljakdygyny aýdanlary Wah-Gorkýanyň ýadyna düşdi. Emma Wah-Gorkýanyň özi henizem şu taýdady, Belentlikler bolsa gaty daşdady. Hiç haçan bolmaýşy ýaly olar gaty daş görünýärdiler. Şu ýakynda ol ýere barmaklygy göz öňüne getirer ýaly hem däldi. Çopanyň wadasy nädip amala aşar? Bu barada oýlananda, onuň gözlerinden gözýaşlar döküldi.
Siz Wah-Gorkýany aglamaklygy söýýän gyz diýip aýdyp bilersiňiz. Ýöne ýatdan çykarmaň, Gaýgy onuň ýoldaşy we mugallymydy. Onuň gözýaşlarynyň gizlinlikde akandyklaryny aýtmak wajyp, çünki duşmanlaryndan başga hiç kim onuň ýola düşen bu geň syýahaty barada bilmeýärdi. Ýüregiň özi öz gaýgylaryny bilýändir we Dawut ýaly şu pikirlerden rahatlanýan wagtlarymyz hem bolýar: biziň gözýaşlarymyz bir gaba ýygnalýandyr we bizi bu gaýgy ýollaryndan alyp Barýan tarapyndan ýekeje gözýaş hem unudylmaz.
Emma Wah-Gorkýan kän aglamady. Hut şol pursat ol bir geň altyn ýalpyldyny gördi. Ol üns berip seredende, näme gördi-kä? Özüniň piramidanyň ýanyndan tapan gülüne bire-bir meňzeş bolan güli gördi. Ol bir täsin halda onuň ýüregine oturdylypdy we ol ýerde ösýärdi. Wah-Gorkýan şatlykdan gygyryp goýberdi we bu kiçijik gül kellesini yryp, özüniň altyn sesi bilen: «Maňa seret, ine men, Şatlyk-bilen-kabul-edýän! Seniň ýüregiňde ösýän» diýdi.
Wah-Gorkýan ýylgyryp jogap berip: «Wah, hawa, elbetde, men eýýäm ýadymdan çykarypdyryn!» diýdi. Soňra ol şol ýerde, tokaýda dyzyna çöküp, daşlary üýşürip, olaryň üstüne odun goýdy. Eýýäm üns berşiňiz ýaly, gurbanlyk sypasyny eliň astynda bar bolan dürli zatlardan gurup bolýandyr. Soňra ol gurbanlyk sypasyna näme goýjagyny bilmän, biraz ikirjeňlendi. Ol Söýgi çybygyndaky gunça meňzeş kiçijik zada seretdi. Şonda ol aşak egilip, gurbanlyk sypasyna öz ýüregini goýdy-da: «Maňa seret, ine men — seniň kiçijik hyzmatkäriň Şatlyk-bilen-kabul-edýän we ýüregimde bar zatlar — seniňki» diýdi.
Bu gezek kiçijik ot peýda bolup, odunlary ýuwudanyna seretmezden, gunça çybykda galdy. Munuň sebäbi, hödürlär ýaly bu gunçanyň has kiçi bolmaklygydyr diýip, Wah-Gorkýan oýlandy. Ýöne muňa seretmezden, owadan bir zat bolup geçdi. Edil oduň gyzgyn, şöhlelenýän uçguny onuň ýüregine girip, ol ýerdäki bar zady ýalpyldadýan ýalydy. Külüň içinde bolsa, ýene bir daş bardy we ol ony alyp, beýlekileriň ýanyna goýmalydy. Şeýlelik bilen, öz ýanynda göterýän haltajygynda indi alty sany ýadygärlik daşlary bardy.
Ýollaryny dowam etdirip, syýahatçylar tizara tokaýyň gyrasyna geldiler we Wah-Gorkýan şatlyk bilen gygyryp goýberdi. Olara garaşyp, ol ýerde kim durandyr öýtdüňiz? Bu Çopanyň özüdi. Aýaklarynda ganat peýda bolan ýaly Wah-Gorkýan onuň ýanyna uçup bardy.
Onsoň Wah-Gorkýan oňa: «Salam, salam, müň gezek salam! Çopanym, meniň ýüregimiň bagynda kän zat ösenok öýdüp gorkýan, emma ondaky bar zatlar seniňki, olary islegiňe görä ulanyp bilersiň» diýdi.
Çopan oňa şeýle diýdi: «Men saňa bir habary aýtmaga geldim. Wah-Gorkýan, saňa täze bir zat garaşýar. Ine bu habar: «...Meniň näme etjekdigimi indi görersiň...» (Çykyş 6:1)».
Onuň ýaňaklary gyzardy we ol şatlykdan sandyraýardy. Wah-Gorkýan ýüregindäki çybyk barada we onuň güllemäge taýyn bolanda, Söýgi Şalygyna girmäge taýyn bolup, Belentliklere çykjakdygy baradaky wadany ýadyna saldy.
Bu pikirden ruhy göterilýän Wah-Gorkýan Çopana ýüzlenip: «Eý Çopan, meniň eýýäm Belentliklere çykmaga taýyndygymy aýtjak bolýaňmy? Eýýäm? Dogrudanammy?» diýdi.
Wah-Gorkýana edil Çopan kellesini yran ýaly bolup göründi, emma ol şol wagt jogap bermedi. Ol durup, Wah-Gorkýana seredýärdi we onuň ýüz-keşbiniň näme diýýänligi Wah-Gorkýana düşnüksizdi.
Wah-Gorkýan Çopanyň elinden tutup, şatlyk bilen oňa ýokardan aşaklygyna syn etdi we ýene-de gaýtalap: «Sen dogrudan hem muny göz öňünde tutýaňmy? Meni tizara Belentliklere äkitjekdigiňi aýtjak bolýaňmy?» diýip sorady.
Bu gezek ol «Hawa» diýip jogap berdi. Onsoň geň ýylgyryş bilen sözüni dowam etdirdi: «Meniň näme etjekdigimi indi görersiň».
Dokuzynjy bap
Beýik Şikes gaýasy
Tiz wagtdan ýol baýyrlaryň depelirine göterilip başlady.
Ine-de ýolagçylar iň beýik baýryň ýokarsyna çykdylar. Bu ýerden tebigatyň ähli gözelligi görünýärdi. Gün dogup barýan pursadynda Wah-Gorkýan gyp-gyzyl daň şapagynyň saýasynda daglara gözüni aýlap, şatlykdan gygyryp goýberdi. Şu wagta çenli özüniň şeýle gözelligi görmändigini boýun aldy.
Gün ýokary göterilip, asmanda dürli reňkleriň öçeninden soň Wah-Gorkýan iň belent depeleriň ak gar bilen örtülendigini gördi. Olar şeýle bir ak we ýalpyldaýardylar welin, olaryň şöhlesinden gözleriň agyrýardy. Wah-Gorkýanyň öňünde Belentlikleriň özleri durdy. Iň oňady hem şundady, ýagny özleriniň barýan ýollary şu ýerden başlap gündogara öwrülip, daglara göni alyp barýardy.
Baýryň depesinde Wah-Gorkýan dyzyna çöküp, tagzym etdi. Şu pursatda özüniň öňündäki şöhrat bilen deňeşdireniňde, şu wagta çenli geçen ýolunyň agyrylary we eglenmeleri, gaýgylary we synaglary hiç zat ýaly bolup görünýärdi. Şeýle-de, Wah-Gorkýana ýoldaşlary hem ýylgyrýan ýaly bolup görünýärdi. Tagzym edip we minnetdarlyk bildirip, ol ýerinden turdy we ýene-de üç bolup ýollaryny dowam etdirdiler. Olar gaty çaltlyk bilen ýöreýärdiler, çünki ýol gaty howply däldi. Bolýan zatlara doly göz ýeterip ýetişmänkäler eýýäm daglara ýakynlaşmaklaryna iki ädimiň galandygyny bilip galdylar.
Näçe ýakynlaşdyklaryça, bu dag eňňitleriniň şonça-da kertdiklerine Wah-Gorkýan haýran galman bilmeýärdi. Biziň ýolagçylarymyz näçe ýakyn barsalar, şonça-da bu daglar elýetmez bolup görünýärdiler. Bu daglara ýeteninde, ýollaryny dowam etdirer ýaly nähilidir bir jülgäniň, deräniň, ýa-da geçelgäniň tapyljakdygyna Wah-Gorkýan özüni ynandyrýardy. Elbetde, Wah-Gorkýan üçin eňňitleriň näçe kert bolýandygynyň parhy ýokdy, iň esasy zat - bu ýoluň maksada eltmegi. Agşama ýakyn olar bu daglaryň eteklerine ýetdiler. Özleriniň barýan ýoly olary çykyp bolmaýan gaýanyň ýanyna eltip, şol ýerde gutardy.
Wah-Gorkýan saklanyp, gözlerini ulaldyp seretdi. Näçe seretdigiçe, şonça-da onuň düşünmezligi artyp barýardy. Onsoň ony galpyldy aldy. Çünki çar tarapda dag olary şeýle ullakan daş diwarlary bilen gurşap alypdy. Onuň gaty beýik bolanlygy sebäpli, belentligi syn etjek bolup, ýokarlara seredeninde Wah-Gorkýanyň kellesi aýlandy. Asylyp duran gaýalar olaryň ýollaryny bekleýärdiler, emma muňa seretmezden, bu ýol olary göni şu ýere getirip, kesilýärdi. Başga ugurlar boýunça äkidýän ýekeje-de ýodajyk görünmeýärdi. Bu dik daşly dawara çykar ýaly başga hiç hili mümkinçilik ýokdy. Olar indi yzlaryna öwrülmeli bolarlar.
Doňup galan Wah-Gorkýan bu ýagdaýyň ähli elhençligini göreninde, Ejir daş diwarlary görkezip, onuň elinden berk tutdy. Iň ýakyndaky ullakan daşlaryň arkasynda erkek keýik we onuň yzysüre urkaçy keýik hem peýda bolup, olar bu gaýa çykyp başladylar.
Olaryň üçüsi-de seredip durdular we Wah-Gorkýanyň kellesi aýlanyp, ol özüni ýaman duýup başlady. Ol birinji barýan keýigiň dik gaýadaky inçe we gaty eňňit ýodajyk bilen gidýändigini gördi. Hatda bu ýodajyk käbir ýerlerde kesilip hem gidýärdi.
Şeýle ýerlerinde keýik towsup, uçup geçýärdi. Urkaçy keýik bolsa, hemişe onuň aýak yzlary boýunça ýöreýärdi we şol sebäpli hem gorkman, arkaýyn barýardy. Şeýdip, tä depede gözden ýitýänçäler, bu iki keýik ynamlylyk bilen dik gaýa boýunça ýollaryny dowam etdirdiler.
Ýüzüni elleri bilen ýapyp, ýüreginiň şu wagta çenli görmedik gorkusy bilen Wah-Gorkýan daş üstünde ýuwaşja oturdy. Onsoň ol iki ýoldaşlarynyň özüniň elinden tutandyklaryny duýdy we olaryň: «Gorkma, Wah-Gorkýan. Bu ýoluň soňy däl we biz yzymyza öwrülmeli bolmarys. Bu dik gaýa boýunça ýokary ýol bardyr. Keýikler ony bize anyk görkezdiler. Biz hem bu ýol bilen ýöräp, ýokary çykyp bileris» diýen sesleri eşidildi.
«Wah ýok! Ýok! — diýip, Wah-Gorkýan uwlaýan ýalydy. — Bu ýol geçer ýaly däl. Belki-de keýik geçer, emma ýekeje-de adam muny başaryp bilmez. Men hiç haçan ol ýere çykyp bilmerin. Men başaşaklygyna gaçaryn we bu elhenç gaýalara urlup, çym-pytrak bolaryn». Oňsoň ol möňňürip aglamaga başlady. «Bu mümkin däl, hiç mümkin däl! Beýle ýol bilen men Belentliklere çykyp bilmerin, diýmek men ol ýere hiç haçan baryp bilmerin». Onuň iki ýoldaşlary bir zatlar aýtmak islediler, emma Wah-Gorkýan elleri bilen gulaklaryny ýapdy we onuň gözlerinden ýene-de gözýaşlar dökülip başlady. Ine-de saňa Çopanyň Wah-Gorkýany - gorkudan sandyrap: «Men muny edip bilmerin, bilmerin! Men hiç haçan Belentliklere baryp bilmerin» diýip, çykyp bolmaýan gaýanyň eteginde otyr. Mundan gynanç suraty göz öňüne getirer ýaly däl. Emma mundan-da erbedi öňdedi.
Ysgyndan gaçan Wah-Gorkýan ýygrylyp oturşyna ýokardan gaçýan daşlaryň sesini we olaryň yzysüre bolsa, öz ýanynda bir ses eşitdi:
«He, he! Meniň gadyrly kiçijik doganoglanym! Ine, ahyrynda biz indi duşuşdyk. Indi şeýle oňaýly ýagdaýda sen özüňi nähili duýýaň, Wah-Gorkýan?» Wah-Gorkýan täze gorky bilen gözüni açdy we hut Gorkagyň ýigrenç ýüzüne göni seredýändigini bilip galdy.
«Men bärde oýlandym, — diýip, Wah-Gorkýanyň üstünden gülüp, sözüni dowam etdirdi, — hawa, näme bolsa-da, biz ikimiz bile uçrap bileris diýip oýlandym. Sen näme, kiçijik samsyjak, hakykatdan hem menden syparyn öýtdüňmi? Ýok-ýok, Wah-Gorkýan. Sen — Elhençleriň birisiň, başga alajyň ýokdur. Galyberse-de, kiçijik sandyraýan samsyjak, sen meniňkisiň. Men seni aman-esen öýe eltip, mundan beýläk hiç ýere gaçmazlygyň üçin yzarlamaga geldim».
Gorkagyň duýdansyz peýda bolany Wah-Gorkýany gaty aljyraňňylyga saldy. Ol nämäniň nämedigine düşünip bilmän: «Men seniň bilen gitmerin. Seniň bilen gitmezlik kararyny kabul edýärin» diýdi.
Gorkak gülümsiredi-de, şeýle diýdi: «Bolýar, saýlaw seniňki. Meniň gadyrly doganoglanym, bu gaýa seret. Şo taýda — ýokarda saňa täsin bolar, dogry dälmi? Ýöne meniň görkezýän ýerime seret, Wah-Gorkýan. Görýäňmi, şol ýerde, ýokary gidýän ýoluň ortarasynda kelläňi aýladýan kiçijik çykyt bardyr. Şol ýerden durup çuň jaýrygyň üsti bilen gaýanyň beýleki tarapyna bökjeklemeli. Ýöne göz öňüne getiräý, Wah-Gorkýan: sen bökjekleýärsiň we sähelçe-de durup bolmaýan çykytdan ýapyşyp, howada asylyp dursuň! Uçudyň aşagyndaky pyçak ýaly ýiti we kesgir daşlary ýöne göz öňüňe getir! Olar seni kabul edip, böleklere bölmeklik üçin güýjüňiň gutaryp, belentliklerden aşak inmekligiňe nädip sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar!
Wah-Gorkýan, munuň nähili ajaýypdygyny duýýaňmy? Howlukma, bu suraty oňatja göz öňüňe getir. Ýoluň üzülýän ýerleriniň bu diňe birinjisidir. Hawa, meniň gadyrly samsyjagym, näçe ýokary göterilseň, şonça-da gaçyşyň elhenç bolar. Hany, saýla: sen özüňiň bilýän, ýagny baryp bilmän, heläk boljak ýerine gitmekligi ýa-da öýe dolanyp, meniň bilen bile, ýagny meniň kiçijik hyzmatkärim bolup ýaşamaklygy saýlamalysyň».
«Wah-Gorkýan» diýip iki ýoldaşlary oňa mähir bilen ýüzlendiler. Onsoň egninden berk tutup: «Wah-Gorkýan, kimiň kömek edip biljekdigini sen bilýärsiň. Ony çagyr ahyryn!» diýdiler.
Olara ýapyşyp, ol ýene-de gygyryp aglady. «Men ony çagyrmaga gorkýan, — diýip, uludan demini aldy. — Eger ony çagyrsam, ol maňa şu ýoldan gitmekligi buýrar öýdüp gorkýan. Bu elhenç we gorkunç ýoldan. Men muny başarmaryn. Bu mümkin däl. Özümi mejbur etmäge mende güýç ýok. Wah, men näme edeýin? Men näme edeýin?»
Gaýgy oňa egilip, ýuwaşja, ýöne erjellik bilen: «Wah-Gorkýan, sen ony çagyrmaly. Häziriň özünde çagyr!» diýdi.
Wah-Gorkýan dişlerini takyrdadyp: «Eger men ony çagyrsam, onda ol maňa gurbanlyk sypasyny gurmaklygy buýrar. Men bolsa muny edip bilmerin. Bu gezek men edip bilmerin».
Gorkak şadyýanlyk bilen gülüp, Wah-Gorkýana ýakynlaşyp başlady. Emma iki ýoldaşlary ol bilen onuň gurbanlygynyň arasynda durdular. Ejir Gaýga seretdi we ol makullyk bilen kellesini yrdy. Onuň kellesiniň yrlanyna jogap edip, Ejir bilinden asylgy duran guşakdan kiçijik, emma gaty ýiti pyçagy çykardy-da, ýygrylyp duran Wah-Gorkýana egilip, oňa bu pyçagy sokup aldy. Wah-Gorkýan agyry zerarly gygyrdy. Soňra bolsa, olaryň üçüsiniň öňünde güýçsüzliginden alaç tapman, ýoluň heniz gaýanyň eteklerine elten pursadyndaky etmeli işini etdi. Indi bolsa näçe utançly bolýandygyna seretmezden, ýagdaýdan çykalga tapman, ol ahyry muny etmeli boldy. Ol gygyryp: «Eý Taňrym! Meni ýanaýarlar! Meniň arkamda dur. Meniň gorkularym meni ýeňdiler we men gözlerimi galdyrmaga-da utanýan» diýdi.
«Näme boldy, Wah-Gorkýan? — bu Çopanyň sesidi. Ol gaty ýakynda eşidilýärdi. — Näme boldy? Ruhlan, bu men, gorkma!»
Onuň sesi gaty şatlyklydy, onda uly güýç bardy we ýekeje-de gyjalat ýokdy. Wah-Gorkýan Çopanyň sesiniň özüni güýçden we mertlikden dolduryp, direldýändigini duýýardy.
Ýerinden turup oturdy-da, oňa seretdi. Onuň özüniň üstünden gülýän ýaly edip ýylgyrýandygyny gördi. Duýdansyzlykda öň hem birnäçe titreýän biçäreleriň aýdan sözleriniň öz ýüreginde hem ýaňlanýandygyny duýdy: «Gorkudakylara meniň Taňrym rehimlidir». Heniz oňa seredip durşuna, onuň göwnünde minnetdarlyk tolkunlary göterilip başlady. Gorkagyň buz ýaly sowuk elleri hem birden ýok bolup gitdi. Ol şatlykdan doldy, kalbynda bolsa, edil sesli çeşme kimin aýdym hiňlendi:
Çopan ýene-de sorady: «Wah-Gorkýan, aýtsana maňa, näme boldy? Sen nämeden beýle gorkduň?»
Gyzjagaz pyşyrdap: «Meniň üçin saýlan ýoluňdan. Çopan, ol gaty elhenç we geçer ýaly däl görünýär. Men olara sereden badyma kelläm aýlanyp, bihuş bolýan. Keýikdir geçiler ondan ýöräp bilýärler. Ýöne welin olar meniňki ýaly agsak we gorkak däl ahyryn!» diýdi.
«Emma Wah-Gorkýan, Kemsitme jülgesinde saňa beren wadamy ýadyňa düşür» diýip, Çopan ýylgyrdy.
Wah-Gorkýan geň galan ýaly görünýärdi we bar gany ýaňaklaryna toplanan ýalydy, emma tizara ol özüne gelip, ýene-de agardy. «Sen diýipdiň... — diýip, ol saklandy we ýene-de täzeden başlady: — Eý Çopan, sen meniň aýaklarymy keýigiň aýaklary kimin edip, Belentliklere çykarjakdygyňy aýdypdyň».
«Hawa, — diýip ol şatlyk bilen jogap berdi, — keýigiň aýaklaryny ösdürmegiň ýeke usuly — bu edil şu ýol ýaly keýigiň ýollaryndan ýöremekdir».
Wah-Gorkýan aljyraňňylyga düşüp, utanç bilen oňa seretdi. «Eger men şunuň ýaly ýoldan ýöremeli bolsam, onda keýigiň aýaklary ýaly aýaklary ösdürmek islemeýärin öýdýän» diýip, ol zordan aýtdy.
Çopan hiç öňünden bilip bolmaýan adamdy. Ol haýran hem galmady, öýke-de etmedi. Munuň ýerine ol ýene-de güldi. «Ýok, sen isleýärsiň, — diýip ol aýtdy. — Wah-Gorkýan, men seni gowy bilýän. Hakykatdan-da, sen muny güýçli isleýäň we men saňa keýik aýaklaryny wada berýän. Hakykatdan-da, men seni şu ýere ýörite getirdim. Hawa, bu ýerde daglar gaty kert we diňe keýigiň ýa-da geçiniň geçip bilýän ýolundan başga ýol hem ýok. Bularyň bary berlen wadanyň amala aşmagy üçindir. Biziň soňky duşuşygymyzda men saňa näme diýipdim?»
«Sen: «Meniň näme etjekdigimi indi görersiň» diýipdiň», — diýdi-de, soňra ol igenç bilen oňa seredip, sözüni dowam etdirdi. — Emma seniň beýle etjekdigiň meniň düýşüme-de girmändi! Meni keýiklerden we geçilerden başga hiç kimiň çykyp bilmeýän kert gaýasyna getirdiň. Men bolsa keýige däl-de, deňiz jandaryna meňzeýän! Bu gaty, gaty...». Ol söz tapyp bilmeýärdi, soňra bolsa batly gülüp başlady. «Bu gaty bolgusyz we manysyz! Bu akylsyz! Senden ýene nämä garaşmaly?»
Çopan hem güldi. «Bolgusyz zatlary etmegi men gaty halaýan, — diýip jogap berdi. — Bilýäňmi, güýçsüzligiň güýje, gorkunyň ynama we zaýalanan zadyň kämil zada öwrülişine syn etmek maňa uly lezzet berýär. Şu wagt bolsa maňa deňiz jandarynyň dag geçisine öwrülmegi hemme zatdan-da uly lezzet berýändir. Zatlaryň öwrülmegi — bu meniň işim. Mysal üçin, Wah-Gorkýanyň öwrülmegi ...» diýeninde onuň ýüzünde şatlyk nur saçýardy. Ol sözüni bölüp, soňra ýene-de gülki bilen dowam etdirdi: «Bolýar, onuň nämä öwrüljekdigini soňra göreris».
Bu hakykatdan-da enaýy sahnady. Gorky bilen umytsyzlygyň ýaňyja höküm süren ýeri bolan elýetmez gaýanyň eteginde Wah-Gorkýan bilen Çopan otyrdylar we olar şeýle bir gaty gülýärdiler welin, edil dünýädäki iň gülkünç degişmäni eşiden ýalydylar.
Çopan Wah-Gorkýana ýüzlenip: «Hany, meniň kiçijik deňiz jandarjygym, meniň seni dag geçisi edip, şu kert gaýanyň depesine eltip biljekdigime ynanýaňmy?» diýip sorady.
«Hawa» diýip Wah-Gorkýan jogap berdi.
«Muny amala aşyrmaga sen maňa rugsat berermiň?»
Wah-Gorkýan jogap berip: «Hawa, eger sen şunuň ýaly manysyz we bolgusyz zat etjek bolsaň, onda näme üçin ýok bolar? Elbetde, edäý!» diýdi.
«Ýokary göterilýän pursadymyzda, men seniň masgaralanmagyňa ýol bererin öýdýäňmi?»
Wah-Gorkýan oňa seretdi-de, şu wagta çenli diýmedik sözlerini aýtdy: «Eger bu şeýle bolsa-da, men garşy bolmaryn öýdýän. Çopan, iň wajyp zat - bu diňe seniň diýeniň bolup, seniň erkiň mende amala aşsyn. Galanlarynyň parhy ýok».
Heniz ol sözleýärkä, ajaýyp bir zat boldy. Gaýanyň arkasyndan iki gat älemgoşar peýda boldy. Ýarym tegelek bolup, ol diňe keýikdir marallaryň ýöräp bilýän dürli reňkli dag ýodajygyny emele getirdi. Munuň gaty owadan we adaty bolmandygy sebäpli, şatlykdan we haýran galmadan Wah-Gorkýanyň ruhy galkynýardy. Emma ol mundan-da täsin zada üns berdi. Özi bilen Çopanyň gürleşýän pursadynda Gaýgy bilen Ejir olardan biraz daşlaşyp, indi bolsa ýoluň boýunda durdular. Älemgoşaryň bolsa uçlarynyň ýere degip duran ýerinde onuň bir ujunyň Gaýga, beýlekisiniň bolsa Ejire ýanaşyp durandygyny gördi.
Älemgoşaryň ýalpyldaýan şöhlesinde bu iki bürenen keşpler şeýle bir özgeripdiler welin, Wah-Gorkýan olara uzak wagtlap seredip bilmedi — olaryň yşygy ony kör edip barýardy.
Şonda ol öň mümkin däl ýaly bolup görünýän zady etdi. Gaýanyň eteginde dyza çöküp, ol gurbanlyk sypasyny gurdy we onuň üstünde öz erkini, özüniň ätiýaçlygyny we gorkularyny goýdy. Ot sönende, Wah-Gorkýan külüň arasyndan beýlekilerinden ulurak we tegelekräk, garamtyl reňkli we ýiti burçly daşy tapdy.
Ony haltajygyna saldy we Çopanyň indiki tabşyryklaryna garaşyp, aýagyna galdy. Onuň ýüregini umyt ýyladyp başlapdy we bu umyt Çopanyň özüni çölden alyp barşy ýaly, bu gezek hem şu elhenç ýolda onuň kömekçisi boljakdygyna ynam döredýärdi. Emma ol muny etmedi.
Munuň deregine ol ony gaýanyň etegine eltip, şeýle diýdi: «Wah-Gorkýan, ine-de sen ahyrsoňy, hakykatdan-da, Belentlikleriň etegine geldiň we indi seniň syýahatyňyň täze basgançagy başlanar. Sen täze sapaklary özleşdirmeli bolarsyň.
Ýoluň soňunyň getiren bu gaýanyň dag ulgamlarynyň başydygyny men saňa aýtmalydyryn. Ol iki tarapdan hem uzalyp, şu ýerden gaty uzaga çenli dowam edýändir. Hemme ýerde ol şunuň ýaly kertdir, käbir ýerlerde bolsa mundan-da beterdir. Bulardan-da erbet gaýalar bardyr — Sögünç gaýasy, Ýigrenç gaýasy, Yzarlamak gaýasy we beýlekiler. Emma hiç bolmanda bularyň birinden geçmän, Belentliklere ýol tapyp, Söýgi Şalygyna baryp bolýan däldir. Bu meniň seniň üçin saýlan gaýam.
Sen şu ýere gelýänçäň, ýolda «Şatlyk bilen kabul etmeklik» sapagyny özleşdirdiň. Bu Söýgi harplygynyň birinjisi bolan «A» harpydyr. Sen Şikes gaýasynyň etegine bardyň. Bu kert gaýa boýunça ýokary göterilýän ýoluňda harplygyň indiki harpynyň haýsydygyny açarsyň diýip umyt edýän we garaşýan. «A» harpy bilen edişiň ýaly, ikinji harpy hem ýadyňda saklap, ony ulanmaga başlarsyň. Ýadyňda sakla, Şikes bilen duşuşmakdan we ony ýeňip geçmekden başga alajyň ýokdugyna seretmezden, eger sen Söýgä çykmaklygyň ikinji sapagyny ýatlasaň we ony oňatja özleşdirseň, onda hiç zat saňa ýoluňda kiçijik-de zyýan we şikes ýetirip bilmez».
Bulary aýdyp bolanyndan soň ol şadyýanlyk we mähir bilen onuň üstüne ellerini goýup, pata berdi. Onsoň ol onuň haýallyk bilen öňe ýöräp barýan ýoldaşlaryny çagyrdy. Dagyň gowagyndan bir ýüp aldy-da, ýokary çykmaga taýyn bolan bularyň üçüçini bilelikde daňdy. Öňde Gaýgy gidýärdi, ortada Wah-Gorkýan, yzda bolsa Ejir. Şeýlelik bilen, eger-de Wah-Gorkýan birden typyp ýykylaýanda-da, olar ony ýüp bilen saklap bilerdiler.
Soňunda Çopan bir ýerden ýürek agyry damjaly çüýşejigi çykaryp, ony Wah-Gorkýana uzatdy. Ol ondan birazajyk şol bada içmekligi we eger ýokary gidýän ýolda birden kellesi aýlanyp, özüni ýaman duýsa, onda şol damjalary ulanmaklygy buýurdy. Çüýşejigiň daşynda bolsa: «Merhemet we rahatlanmak ruhy» diýip ýazylgydy. Bir-iki damja içeninden soň, henizem kalbynda gorkyny duýýandygyna seretmezden, özünde güýjüň şeýle bir köpelendigini duýdy welin, hatda ol şol bada ýokary çykmaklyga-da girişmäge taýyn ýalydy.
Agşam tamamlanyp barýardy. Tomus paslydygy sebäpli, garaňky aralaşmaga ýene iki-üç sagat galypdy. Çopan olaryň çaltlyk bilen ýola düşmekligini buýurdy. Ol: «Gijä çenli depä barmak mümkin däl, emma ýokarda şu ýerden görünmeýän bir gowak bar. Şol ýerde siz gijäni howpsuzlykda geçirip, dynç alyp bilersiňiz. Eger sen, Wah-Gorkýan, şu ýerde, ýagny gaýanyň eteginde galsaň, onda seniň duşmanlaryň ýakynlaşyp, saňa şikes ýetermäge synanyşarlar. Ýöne bu ýol boýunça olar seni yzarlap bilmezler we sen heniz ýokary çykýarkaň, olar üçin elýetmez bolarsyň. Tä ýokary ýetýänçäň, olar bilen ýene-de duşuşjakdygyňa men şübhelenmeýän» diýdi.
Şu sözler bilen Çopan ýylgyrdy-da, olardan daşlaşyp ugrady. Gaýgy haýallyk bilen inçejik aýlanyp gidýän ýoluň kiçi basgançaklarynyň birinjisine göterildi. Onuň yzyndan Wah-Gorkýan we Ejir göterilip başladylar. Şeýdip olar ýokary çykmaklyga girişdiler.
Onunjy bap
Şikes gaýasyna çykyş
Şeýle-de özüniň ýaňyja içen täsin serişdesi bolan merhemet we rahatlanmak Ruhy oňa güýçsüzlikden we kelle aýlanmadan gowy kömek edýärdi. Bu bolsa onuň has gorkýan zadydy. Ýokary galmaklygyň ilkibaşynda älemgoşar heniz hem olaryň üstünde ýalpyldaýardy. Çopanyň eýýäm gözden ýitendigine seretmezden, Wah-Gorkýan üçin ol heniz hem edil özüniň ýanynda ýalydy.
Wah-Gorkýan mümkin boldugyndan aşak seretmejek bolýardy. Emma bir gezek ýoluň başynda we howply ýerinde heniz Gaýgy dyrmaşyp, özüne oňaýly ýer tapýança, Wah-Gorkýan gaýanyň kiçijik gowagynda birsalym oturyp garaşmaly boldy.
Hut şonda ol aşak seretdi we özlerine aşakda gijäni geçirmän, agşamara ýola düşmekligi buýranlygy üçin Wah-Gorkýan Çopandan ýene-de bir gezek minnetdar boldy. Aşakda, daşlaryň üstünde oturan, gahardan ýaryljak bolýan bäş sany duşmany ýokary seredip, olara syn edýärdi. Özüne-haýpy-gelmekligiň (ol hemişe beýleki ýoldaşlaryndan gaty howply däl ýalydy) egilip, ýiti bir daşy alandygyna we ony bar güýji bilen özüne tarap oklanyna Wah-Gorkýan geň galyp seretdi. Bagtyna, ol eýýäm has ýokardady, ýöne daşyň bir kiçijik bölegi oňa tas degipdi. Öňe gitmeklerini dowam etdirip biljekdiklerini bildirip, Gaýgynyň ýuwaşlyk bilen ýüpi çekeninde, Wah-Gorkýan ullakan ýeňilligi duýdy.
Wah-Gorkýan Çopanyň bu duşmanlar bilen duşuşygyň ýokary galanlaryndan soň hem mümkindigini aýdanyny ýatlady. Ýöne ol bu duşmanlaryň nädip ýokary, ýagny Şikes gaýasyna çykyp biljekdiklerini göz öňüne getirip bilmedi. Diňe başga bir ýol tapyp, şony ulanaýmasalar!
Şeýlelik bilen, üç ýolagçy ýokarlardan ýokarlara çykýardylar. Aşakdaky düzlükde gaýalaryň berýän saýalary has-da uzalyp barýardylar. Çölüň we beýik derýanyň üstünden günüň otly tegelegi aşak düşýärdi. Indi beýle belentlikden olar kenarlarynda köp wagtlap syýahat eden günbatar derýasyna anyk syn edip bilýärdiler.
Özleriniň barýan ýollary kert gaýa boýunça ýokarlardan ýokarlara aýlanyp gidýärdi. Onuň käbir ýerlerde üzülip gidýändigine seretmezden, bu ýoluň gaty kyn däldigine Wah-Gorkýan begenýärdi. Hatda Gorkagyň bar güýji bilen özüniň ünsüni çekdiren ýeri hem gaty howply däl ýalydy.
Hut garaňky aralaşanda şol ýere baranlarynda, Wah-Gorkýan hakykatdan-da ýoluň üzülýändigini gördi. Emma jülgäniň üstünden inçejik köprüni emele getirýän tagta bardy we el tutup ýörär ýaly onuň gyrasyndan bolsa ýüp çekilendi. Elbetde, keýikler bu biderek kömegi ulanmaklygy özleri üçin namys bilerdiler. Olar özleriniň bir böküşlerinde bu çuňňur jülgeden geçerdiler. Ýöne tutup ýörär ýaly ýüpleriň bardygyna seretmezden, Wah-Gorkýan özüne Gorkagyň aýdanlaryny ýadyna salmak islemeýärdi. Özüniň ajy tejribesinden ugur alyp, ol indi göz öňüňde peýda bolýan suratyň hakykatdakydan gaty elhenç bolýandygyny bilýärdi.
Aman-esen tagta boýunça geçip, olar aşakdan görünmeýän gaty inçe çykydyň üstünde durdular. Olaryň göni öňlerinde Çopanyň olara aýdan uly bolmadyk bir gowagy bardy we olar şol ýerde düşlemelidiler.
Uly ýeňillik we minnetdarlyk bilen Wah-Gorkýan oňa girdi we çar tarapa seredişdirdi. Bu gowak şeýle ýerleşipdi welin, ol ýerde durup, aşak seredip bolmaýardy we aýak astyndaky bu kelle aýladýan çuňlugy-da görüp bolmaýardy. Ýöne daş-töwerekdäki bar zat oňat görünýärdi: baýyrlar, çöl we olaryň yzyndaky deňiz. Asmanda aý peýda boldy we onuň yzysüre çalaja görünýän ýyldyzlar hem ýalpyldap başladylar. Gowagyň içinde bolsa, kimdir biri tekiz daşlary galdyrypdyr we olaryň üstünde oturyp bolýardy. Burçda bolsa bir topbak goýun derileri bardy we olaryň üstünde ýatyp, dynç alyp bolýardy.
Gowagyň girelgesiniň ýanynda uly bolmadyk şarlawuk akýardy we biziň ýolagçylarymyz onuň boýuna nobatma-nobat baryp, ýuwundylar. Onsoň Gaýgy we Ejir özleriniň ýokary galmazlaryndan ozalky, gaýanyň eteginde Çopanyň beren çörekli we kakadylan miweli iki düwünçegini çykardylar. Olar şatlyk bilen garbandylar. Onsoň olar özlerini argyn duýup, ýatdylar we tizara süýji uka batdylar.
Wah-Gorkýan günüň ilkinji şöhleleri bilen oýandy we ýerinden turup, çykalga tarap ugrady. Ertiriň sowuk daňynda ony öňünde görünýän gaýgyly surat gorkuzdy. Daş-töwerekde boş düzlükden we deňizden başga hiç zat ýokdy. Wah-Gorkýanyň üstüne gaýalar abanyp durdular, onuň aşagynda bolsa, ýiti dişli daşlar bardy. Özleriniň taşlap gaýdan owadan tokaýlygy hem indi görünmeýärdi. Giden meýdanlykda biraz jeňňellikden başga ýekeje-de agaç görnenokdy. Wah-Gorkýan: «Nähili boşluk! Bu daşlar hakykatdan-da özleriniň üstlerine gaçan zatlary böleklere bölüp taşlajaga meňzeýärdiler. Bu miwesiz çölde hiç zat ösüp bilmeýäne meňzeýär» diýip oýlandy.
Hut şol pursatda ol kellesiniň ýokarsyndaky gaýalara seretdi we şatlykdan bökjekledi. Birnäçe suw damjalarynyň düşýän ýeri bolan inçejik jaýrykda kiçijik we ýeke ösýän ösüntgi gizlenipdir. Onuň bary-ýogy iki ýa-da üç ýapragy we saç ýaly inçejik baldagy bardy. Baldakda bolsa, gyp-gyzyl reňkli bir gül bardy we ol günüň ilkinji şöhlelerinde ot kimin ýanyp durdy.
Birnäçe wagtlap Wah-Gorkýan oňa üns berdi we oňa ösmäge päsgel berýän diwara, näme bolsa-da, ol arkaly yşyga ymtylýan inçejik jaýryga seredýärdi. Onuň kökleri çar tarapdan ýalaňaç daşlar bilen gysylandy, ýapraklary bolsa öz türmesinden daşary çykmaga zordan ukyplydylar. Muňa seretmezden, ol kiçijik ýüzüni güne aýlap gülleýärdi we şatlygyň ody kimin ýanýardy. Oňa seredip Wah-Gorkýan çöldäkisi ýaly ondan sorady: «Eý güljagaz, seniň adyň kim? Çünki men hakykatdan hem sen ýalyny görmedim».
Şol pursatda gülüň gyp-gyzyl gülýapraklaryna gün düşüp, olar öňküsinden-de güýçli ýalpyldaýardylar we Wah-Gorkýana ýuwaşja pyşyrdy eşidildi:
«Meniň adym — Ähli-zada-çydaýan, emma käbirleri maňa Bagyşlama hem diýýärler» diýdi.
Şonda Wah-Gorkýan Çopanyň: «Ýokary galýarkaň sen Söýgi harplygynyň indiki harpyny açarsyň. Haýal etmän ony ulanmaga başla» diýen sözlerini ýatlady.
Ol kiçijik güle seretdi-de: «Näme üçin saňa beýle diýýärler?» diýdi. Ýene Wah-Gorkýan özüne ýuwaşja gülküniň eşidilýändigini duýdy we edil gül oňa gepleýän ýaly göründi: «Meni ähli ýoldaşlarymdan gaýra düşürip, öýümden kowdular. Meni şu ýere getirip, bu daşly türmä taşladylar. Bu meniň saýlawym däldi, bu beýlekileriň elleriniň eden işi. Eden işleriniň eşredini görmekligim üçin olar meni şu ýere taşlap gitdiler.
Men ähli zada çydadym we ruhdan düşmedim; men söýmeklikden ýüz döndermedim we meniň söýgülim bolan günüň ýüzüne göni seredip bilýänligim üçin, Söýgi maňa gaýanyň bu jaýrygyndan çykmaklyga kömek etdi. Görýäňmi! Indi men bilen meniň Söýgülimiň arasynda hiç zat duranok we töwerekde meniň ünsümi ondan aýrar ýaly hem hiç zat ýok. Menden alnan zatlaryň baryny ol gaýdyp berdi we maňa ýetirilen ähli ýamanlygy hem ýuwdy. Bütin dünýäde menden başga göwnühoş we bereketli gül ýokdur. Çünki men ene süýdünden aýrylan çaga kimin öz Söýgülime seredýärin we: «Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Ýer ýüzünde Senden özgäni islemeýärin» diýýärin».
Wah-Gorkýan kellesiniň üstündäki oduň ýalpyldysyna seretdi we şol güljagazdaky ýaly güýçli küýsegi öz ýüreginde duýdy. Özüniň näme etmelidigini ol bilýärdi. Gülli gaýanyň boýundaky inçejik ýolda dyza çöküp: «Eý meniň Taňrym, ine men — seniň kiçijik hyzmatkäriň Ähli-zada-çydaýan» diýdi.
Şol pursat gülüň köklerini zynjyrlan daşyň bir bölejigi goparylyp, onuň aýagastyna düşdi. Wah-Gorkýan ony galdyryp, haltasyndaky beýleki ýedi daşlaryň ýanyna saldy we gowaga dolanyp geldi. Gaýgy we Ejir oňa çörek we kakadylan miweler bilen garaşýardylar. Şondan soň olar Hudaýa minnetdarlyk bildirip, garbandylar we ýene-de ýüp bilen bir-birlerini daňyp, ýokary galmaklaryny dowam etdirdiler.
Tizara olar gaty typançak we kert ýere bardylar. Şu ýerde Wah-Gorkýan ilkinji gezek ýykyldy. Ol büdredi we dişli daşlara degip, özüne gaty şikes ýetirdi. Özüniň ýoldaşlaryna ýüp bilen berk daňylgydygy gowy boldy. Kellesiniň aýlanandygy we özüniň gaty gorkanlygy zerarly ol tas huşundan gidipdi. Eger ol ýüp bilen daňylgy bolmasady, onda ol aşak gaçyp, çym-pytrak bolardy. Bu pikiriň özi Wah-Gorkýany howsalalyga salýardy we ol ýeke bir zada, ýagny öz ýoldaşlaryny kömege çagyrmaga ukyplydy.
Öňde barýan Gaýgy derrew bar güýji bilen ýüpi özüne çekdi, Ejir bolsa Wah-Gorkýana ýakynlaşyp, ony gujaklady-da: «Çopanyň beren ýürek damjalaryndan biraz iç» diýdi.
Wah-Gorkýan şeýle bir gorkýardy welin, ol diňe Ejiriň gujagynda ýatyp, agzy bilen howany tutup bilerdi. «Men çüýşäniň nirededigini bilemok. Ony gözlemäge ýerimden gozganyp bilmeýärin».
Şonda Ejiriň özi güýçden gaçan gyzjagazyň goltugyna elini sokup, çüýşejigi çykardy we onuň agzyna birnäçe damja damdyrdy. Birnäçe wagtdan Wah-Gorkýanyň ýaňaklaryna gan aýlanyp, ol ýene-de özüne gelip başlady. Emma ol henizem ýerinden gozganyp bilmeýärdi. Ol ýene-de merhemet we rahatlyk ruhundan içip, özüne güýç gelendigini duýdy.
Onsoň Gaýgy Wah-Gorkýanyň ýykylan ýerine bardy we ýüpi gysgaldyp, gyzjagazy elinden tutdy. Olar ýene ýokary galmaklaryny dowam etdirdiler. Ýykylanynda dyzlaryna şikes ýetendigi sebäpli, Wah-Gorkýan indi agsaklap ýöreýärdi. Ol dyngysyz iňleýärdi we hemişe saklanýardy. Ýoldaşlary onuň bilen sabyrly bolmaklyga synanyşýardylar, emma olar hökman çalt ýöremelidiler, çünki düşlär ýaly başga gowagyň bolmandygy üçin olar gijä çenli gaýanyň depesine barmalydylar.
Ahyrsoňy Ejir Wah-Gorkýana egilip, ondan: «Şu gün irden gowakdan gidip, ýeke aýlananyňda sen näme etdiň?» diýip sorady.
Wah-Gorkýan haýran galyp seretdi-de, gyzaryp: «Men şu wagta çenli görmedik gülüme syn etdim. Ol gaýadaky şarlawugyň boýunda ösýär» diýdi.
«Ol nähili gül eken?» diýip, Ejir jogaba garaşyp sorady.
Wah-Gorkýan ýuwaş sesi bilen: «Ol gül — Ähli-zada-çydaýan, emma käbirleri oňa Bagyşlama hem diýýärler» diýdi. Özüniň guran gurbanlyk sypasyny ýadyna salyp, ol birnäçe wagtlap dymdy. Onsoň ol Söýgi harplygynyň bu täze we kyn harpyny öz durmuşynda ulanmaýandygyny boýun aldy. Şonda ol şeýle diýdi: «Gaty gyzykly, eger men dyzlaryma bu ýürek dermanyndan birnäçe damja damdyrsam, onda olar oňatlaşarmykalar?»
«Geliň synanyşalyň, — diýip Gaýgy we Ejir bile aýtdylar. — Bu gowy pikir».
Haçanda olar bu çüýşeden onuň dyzlaryna damdyranlarynda, gan akmasy saklandy, agyry bolsa bada-bat kesildi. Muňa seretmezden, Wah-Gorkýanyň aýaklary öňküsi ýaly agaç kimindi we henizem ol agsaklamaga mejburdy. Emma şeýle bolsa-da, ýolagçylar çaltlyk bilen öňe gitdiler.
Günortadan soň agşama ýakyn olar eýýäm bu elhenç gaýanyň depesine ýetdiler we gök tokaýlykda saklandylar. Beýik bolmadyk baýyrlarda gök otlar ösüp, göwnüňi göterýärdi. Elýetmez ýaly görünýän gaýa bolsa, hakykatdan-da yzda galypdy. Olar dynç almak üçin otly ýerde oturdylar we ýakynda aýdym seslerini eşitdiler:
Agaçlaryň arasyndan Çopanyň özi olara tarap gelýärdi.
On birinji bap
Howplulyk we Gam tokaýlyklary
«Indi siz bu dag etekleriniň garly depelerini örtüp duran tokaýlykdan geçmelisiňiz. Bu ýol gaty kyndyr, emma size ýoluňyzda tiz-tizden dag düşelgeleri duş geler. Bu Howplulyk we Gam tokaýlarydyr. Onuň agaçlary gaty ullakandyrlar we bir-birlerine ýakyn bolandyklary sebäpli, siziň ýoluňyz hem garaňky görünmegi mümkin. Bu ýerde — dag eteklerinde käte-käte garly, güýçli şemal bolmagy mümkindir, emma siz öňe tarap gidiň. Ýadyňyzda saklaň, heniz siz meniň erkimiň ýodasyndan ýöreýärkäňiz, hiç zat size çynlakaý zyýan ýetirip bilmez».
Wah-Gorkýanyň şunuň ýaly kynçylyklary we elýetmez gaýa bilen onuň kert ýerlerini geçendigine seretmezden, onuň heniz hem öz adyna laýyk gelýändigi, hakykatdan-da, geň görünýärdi. Emma, gynansakda, bu şeýledi! Heniz Çopan «howplulyk» we «gam» sözlerini aýdyp ýetişmänkä, ol eýýäm bütin teni bilen titreýärdi.
«Howplulyk we Gam tokaýlyklary! — diýip, özüniň nalaly sesi bilen gaýtalady. — Eý Çopan, sen meni nirä eltýäň?»
«Belentliklere bolan ýoluň indiki tapgyryna» diýip, ol iň mylaýym ýylgyrşy bilen dessine jogap berdi.
«Men bilemok, haçan bolsa-da bir wagt sen meni ol ýere eltip bilermikäň! — diýip, iňňildi bilen samsyjak biçäre Wah-Gorkýan aýtdy. — Meniň bilen şu wagta çenli hem iş salşyp, bu işden el çekmeýändigiňe haýran galýan. Meniň aýaklarym hemişe agsak bolup galmaklary ahmal we hatda sen-de olary keýigiňki ýaly edip bilmersiň». Bulary aýdyp ol umytsyzlyk bilen öz aýaklaryna seretdi. Şol pursatda olar hemişekisinden-de gaty erbet görünýärdiler.
Çopan çynlakaý: «Ýalan sözlär ýaly men ynsan däl. Maňa seret, Wah-Gorkýan. Men aýdyp-da, etmedimmi? Men diýdim-de, ýerine ýetirmedimmi?» diýdi.
Birinjiden, Çopanyň çynlakaý sesinden, ikinjiden hem özüniň henize çenli Wah-Gorkýanlygy sebäpli Wah-Gorkýan biraz sandyrady. Ol Howplulyk we Gam tokaýlyklarynyň nähilidigini göz öňüne getirmäge synanyşdy. Ol muny etmeli däldi, çünki onuň gözüne görünýän surat şadyýan däldi. Emma ol sabyrlylyk bilen: «Hawa, men seniň ýalan sözlär ýaly ynsan däldigiňi bilýärin. Aýdanyňy ýerine ýetirýändigiňi hem bilýärin» diýip jogap berdi.
Çopan ýene-de mähir bilen: «Onda men seni howplulygyň we gamyň içinden geçirerin, emma sen gorkmaly dälsiň, çünki men seniň bilen bolaryn. Hatda men seni ölüm kölegesi deresinden geçirsem-de, sen gorkmaly dälsiň — meniň hasam we meniň taýagym saňa göwünlik berer» diýdi.
Sözüni jemläp, şeýle diýdi: «„Ne gijäniň howpundan, ne gündiz uçýan okdan; ne garaňkyda gezýän mergiden, ne-de öýlän heläk edýän gyrgyndan gorkarsyň. Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar welin, ölüm saňa ýakynlaşmaz“ (Mezmur 91:5–7). Çünki perlerim bilen seni örterin, sen Meniň ganatlarymyň aşagynda sygynarsyň». Ol bulary beýan edip bolmaýan mähir bilen aýtdy.
Şonda Wah-Gorkýan onuň aýaklaryna dyza çöküp, ýene-de bir gurbanlyk sypasyny gurdy-da: «Hawa, men ölüm kölegesi deresinden ýöresem-de, ýamanlykdan gorkmaryn, çünki sen meniň bilensiň» diýdi. Soňra ol özüniň sowuk der bilen örtülendigini duýup we gorkudan dişlerini takyrdadyp, Çopanyň ýüzüne göni seretdi-de: «Çünki sen ýalan sözlär ýaly ynsan däl we pikiriňi üýtgeder ýaly ynsan ogly hem dälsiň. Heý, seniň beren wadalaryňyň, aýdan sözüňiň bitmedik wagty barmy?» diýip, sözüni jemledi.
Çopan rahatlandyryjy halda ýylgyryp, ellerini onuň kellesine goýdy-da: «Mert bol, mert bol we gorkma» diýdi. Onsoň ýene-de sözüni dowam etdirdi: «Wah-Gorkýan, munuň nähili boljakdygyny hiç haçan göz öňüne getirjek bolma. Maňa ynanaý, sen özüňiň gorkýan ýeriňe baranyňda onuň göz öňüne getireniňe ýekeje damja hem meňzemeýändigini görersiň. Edil gaýa ýokary galşyňdaky ýagdaý ýalydyr. Öňräkde, agaçlaryň arasynda gizlenip ýörän duşmanlaryňy-da görýändigimi duýdurmalydyryn. Eger sen haçanda bir wagt Gorkaga öz göz öňüňe getirmeleriňi aldyrsaň, onda hiç zatdan gorkmaly däl ýerinde gorkarsyň, titrärsiň we ah çekersiň».
Muny aýdyp bolanyndan soň, ol Wah-Gorkýanyň dyza çöküp duran ýerinden bir daşjagazy aldy-da, haltajygyndaky beýleki ýadygärlik daşlarynyň ýanyna salmaklygy üçin oňa uzatdy. Onsoň ol öz ýoly bilen rowana boldy, Wah-Gorkýan bolsa öz ýoldaşlary bilen tokaýyň içinden geçip, ýokary alyp barýan ýol boýunça gitdiler.
Tokaýa giren pursatlarynda olar agajyň arkasynda gizlenip duran Özüne-haýpy-gelýäniň nejis we ýigrenç ýüzüni gördüler. Ol ýaňyltmaçlyk bilen: «Gulak assana, Wah-Gorkýan, bu gaty samsyk iş. Men aýtjak bolýan, ýagny indi ol näme etjek bolýarka? Sen ýaly biçäre, agsak we gorkagy diňe mert we güýçli erkekleriň başaryp bilýän synagyna saljakmyka! Seniň Çopanyň, hakykatdan-da, Gorkakdanam beter sütemkeş eken» diýdi.
Heniz ol sözüni gutaryp gutarmanka, Öýke kellesini galdyryp: «Galyberse-de, muňa hiç hili sebäp ýok ahyryn! Çünki tokaýy aýlanyp geçýän başga bir oňat ýol bar. Bu ýol seni göni garly depelere elter we sen bu biderek howplaryň baryna golaýlap bilersiň. Hemmeler bu ýol bilen gidýärler, näme üçin saňa gitmek mümkin däl? Bu ýoldan gitmejekdigiňi oňa aýt hem-de özüni adaty ýola çykarmagyny talap et. Bu ýol — diňe görgi görýänler üçindir, sen bolsa, meniň mähribanym, munuň üçin dälsiň» diýdi.
Soňra Gorkak peýda boldy we mekirlik bilen birsalym oňa seredip, hasap etmezlik bilen şeýle diýdi: «Şeýlelik bilen, sen kiçijik gahryman bolaryn öýdýäň, şeýle dälmi? Şeýle-de, bu Howplulyk tokaýyndan aýdym aýdyp geçersiň! Seniň däli ýaly gykylyk we agy bilen gutarjakdygyň we ömrüňiň ahyryna çenli maýyp boljakdygyň barada jedel ederismi?»
Nobatyň yzy bolup gürrüňe Hasrat goşuldy. Başga bir agajyň arkasyndan kellesini çykaryp: «Bu oňa gaty meňzeş! Meniň aýdanlarymyň hemmesi dogry. Heniz sen, öz borjuna boýun bolýan, nobatdaky elhenç synagdan geçýänçäň, ol saňa eýýäm täzesini taýýarlaýar» diýip onuň üstünden gülýärdi.
Soňra gürrüňe (henizem agsaklaýan we şu sebäpden hem gaty zalym bolan) Tekepbirlik goşuldy: «Tä seni doly masgaralaýança, onuň rahatlanmajakdygyny sen bilýärsiň. Hut şeýdip ol bu gymmatbaha boýnuburuklyga eýe bolýar. Ol seniň külüňi göge sowrup, hemmeleriň öňünde seni tentek eder».
Wah-Gorkýan we onuň ýoldaşlary olara üns bermän öz ýollaryna gidýärdiler. Emma öňküsi ýaly Wah-Gorkýan olaryň aýdýanlaryna gulak asanynda, güýçli agsaklaýardy. Ol näme etjegini bilmän gaty howsala düşdi. Eger Wah-Gorkýan olary diňlese, onda agsaklamaga başlardy, eger-de barmaklary bilen gulagyny ýumsa, onda elleri bilen ýoldaşlaryny tutup bilmeýärdi we netijede, büdräp ýykylardy.
Şonuň üçin ýolagçylar bu ýagdaýy maslahatlaşmak üçin birsalym saklandylar. Ejir biline daňylgy dermanly bukjasyny açdy we ondan pamyk çykaryp, Wah-Gorkýanyň gulagyna dykdy. Munuň gaty bir oňaýly däldigine seretmezden, ol gowy kömek etdi. Bäş nejisler özlerini diňlemäge Wah-Gorkýany mejbur etdirip bilmänlerinden soň, olar gygyrmaklaryny bes etdiler we indiki gezege çenli Wah-Gorkýany rahat goýdular.
Ilkibaşda tokaý gaty bir elhenç görnenokdy. Belki daglarda howanyň örän arassa we şähdiňi açyjy bolany üçin ondan dem alýanlar hem şähdaçyk bolýan bolmaklary hem mümkin. Gün şöhle saçýardy we Wah-Gorkýan täze bir nätanyş tolgunmany duýdy: özüni bu syýahatdan göwnühoş duýýardy.
Göz öňüne getiriň, agsak Wah-Gorkýan Howplulyk tokaýyndan geçip, hiç hili gorkuny duýmady! Bu tä ullakan gara bulutlar asmanyň ýüzüni örtýänçä, birnäçe wagtlap dowam etdi. Gün eýýäm görünmeýärdi. Uzagrakda gök gümmürdeýärdi, tokaýda bolsa garaňky we ýuwaşlyk höküm sürýärdi. Birden asmanda ýyldyrym çakdy we ýolagçylardan öňräkde gulagyňy deşip barýan jatyrdy sesi bilen bir ullakan agaç ýere gaçdy, onuň yzy bilen ýene biri, onsoň ýene, ýene... Ine-de eýýäm olaryň töwereginde tupan möwç urup başlady. Gök gümmürdisi, ýyldyrym yşyklary we çar tarapdaky jatyrdy sesleri zerarly bütin tokaý titräp, ýumrulyp başlan ýalydy.
Gaty haýran galaýmaly, her bir agajyň aşak gaçýan seslerini eşideninde Wah-Gorkýanyň teni sandyrap titreýärdi, emma ol hiç gorkanokdy. Ýagny ol aljyraňňylyga düşmeýärdi ýa-da gaçmaga ymtylmaýardy, çünki hakyky gorky onda ýokdy. Ol hemişe öz içinden: «Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar welin, ölüm saňa ýakynlaşmaz... Çünki perlerim bilen seni örterin, sen Meniň ganatlarymyň aşagynda sygynarsyň» diýip gaýtalaýardy. Heniz tupan möwç urýarka, şu wagta çenli görülmedik geň we täsin rahatlyk ony doldurdy. Wah-Gorkýan özüniň iki ýoldaşy bilen gidip barşyna öz-özüne: «Men ölmän, ýaşaryn we Rebbiň işlerini yglan ederin» diýýärdi.
Ahyrsoňy tupan köşeşip, gök gümmürdisi hem eşidilmeýärdi we wagtlaýyn ümsümlik aralaşypdy. Ýolagçylaryň üçüsi hem egin-eşiklerini guradyşdyryp, özlerini oňaryşdyrmaklary üçin saklandylar. Heniz olar öz işleri bilen meşgullanýarkalar, olaryň ýanynda Gorkak peýda boldy. Ol sesiniň baryndan gygyryp: «Wah-Gorkýan, sen tupanyň diňe wagtlaýyn köşeşip, onsoň onuň daglary aýlanyp, ýene-de dolanjakdygyny bilýärsiňmi? Men eýýäm gümmürdi seslerini eşidýärin we ol ýakynlaşyp, öňküsinden-de beter bolar. Batyrgaýlyk bilen bu ýol boýunça yzyňa ylga, tä tupan ýene-de möwç urup, seni öldürýänçä, güýjüňiň baryndan ylga we bu howply tokaýdan çyk. Häzir sen özüňi halas edip bilersiň, soňrak eýýäm giç bolar» diýdi.
«Gulak assaňyzlaň!» diýip Wah-Gorkýan hemmeleri haýran galdyrdy we heniz hem onuň saçlaryndan suw akyp, egin-eşikleri bolsa, bedenine ýapyşyp ýatyrdy. «Hemişe maňa gygyrýan bu ýigide men indi çydap bilmerin! Ikiňize-de haýyş edýän, maňa kömek ediň». Daş almaklyk üçin ol aşak eňildi we öz ýoldaşlaryna mysal edip, ol daşy göni Gorkaga oklady.
Ony ugradyjylar bütin syýahat döwründe birinji gezek güldüler we agaçlaryň arkalarynda gizlenip ýörän şol bäşisine daş baryny okladylar. Birsalymdan duşmanlaryň bary gözden ýitdiler. Soňra olar öňlerinde agaçdan ýasalan bir jaýy gördüler we ol edil başlanjak tupandan goramaklygy teklip edýän ýalydy. Olar gaçalga tarap ylgadylar we jaýyň özlerinden daşda ýerleşendigine göz ýetirdiler. Jaýa baryp ýetenlerinde, olar gapyny ýeňillik bilen açyp, minnetdarlyk bilen içeri girdiler. Habardar bolmaklygy ýadyndan çykarman, hiç kim gelip ýetişmänkä, Ejir çaltlyk bilen gapyny ýapdy.
Indiki pursatda olaryň duşmanlary eýýäm gapyny depreklep, gygyrýardylar: «Hany, siz, jaýyň içindäkiler! Derrew gapyny açyp, bizi goýberiň. Eýýäm tupan başlanýar. Bizi bärde galdyryp, ölüme berer ýaly siz adamkärçiligiňizi ýitirip bilmersiňiz».
Wah-Gorkýan gapa ýakynlaşdy-da, Gorkagyň özüne beren maslahatyny oňa aýtdy: «Batyrgaýlyk bilen bu ýol boýunça yzyňyza ylgaň, tä tupan ýene-de möwç urup, sizi öldürýänçä deňeç, güýjüňiziň baryndan ylgaň we bu howply tokaýdan çykyň. Häzir siz özüňizi halas edip bilersiňiz, soňrak eýýäm giç bolar».
Gapynyň arkasyndan düşnüksiz näletlemeler we olaryň yzysüre daşlaşyp barýan aýak sesleri eşidildi. Bu gezek maslahat edil ýerlikli bolan ýalydy. Tupan dolandy we bu gezek öňküsinden-de elhençdi, emma ýagyşdan we ýykylýan agaçlardan olary bu jaý goraýardy. Olaryň gaçalgasy betbagtçylykdan goramaklyga ukyplanandy we şoňa görä, hatda ýekeje damja hem üçekden jaýyň içine akmady.
Jaýyň içki otaglary hem oňat ýagdaýda saklanypdy. Ejir bir burçda peçiň bardygyny beýlekilere aýtdy we ony otlamaga girişdi. Gaýgy bolsa bir kitir tapyp, daşa çykdy-da, tamdan akýan ýagyş suwundan ony doldurdy. Wah-Gorkýan bolsa aşhana girip, gap-çanaklary, gatadylan çörekdir önümleri tapdy.
Şeýlelik bilen, biraz wagt geçenden soň heniz hem tupan möwç urup, aýnalar dükürdeýärdiler. Biziň üç ýolagçyymyz bolsa gyzynyp we öz eşiklerini guradyşdyryp, ellerindäki yssy çaý bilen aýna seredip otyrdylar. Şemalyň gulagyňy deşip barýan şuwwuldysyna we jaýyň titremesine seretmezden, onuň içinde parahatlyk we rahatlyk höküm sürýärdi.
Özüniň haýran galmagyna, Wah-Gorkýan birden şu pursadyň bütin syýahatyň iň bagtly we rahat wagtydygy hakynda oýlandy. Beýleki otagda tapan düşekleriniň üstünde üçüsiniň hem ýatan wagtlarynda, Wah-Gorkýan ýene bir gezek ýuwaşja öz içinden: «Ol perleri bilen meni örter, men onuň ganatlarynyň aşagynda sygynaryn» diýdi.
Bu elhenç tupan iki-üç günläp dowam etdi, emma şu wagtyň içinde ýolagçylar arkaýyn dynçlaryny alyp bildiler we olar tupanyň biraz köşeşen wagtynda diňe odun getirmek üçin daşa çykardylar. Olar özlerinden soňky ýolagçylaryň hem ulanyp bilmekleri üçin getiren odunlaryny guradyp, örüşdirip goýýardylar. Bu jaýda kakadylan çörekdir önümleriň ýeterlik mukdary bardy we olar Çopanyň hyzmatkärleriniň biriniň wagtal-wagtal gelip, olary ýeterlik önüm bilen üpjün edýändigi barada oýlandylar.
Heniz tupan möwç urýarka, özi üçin bu rahat günlerde Wah-Gorkýan öz ýoldaşlaryny gowy tanap, olaryň gepleşýän dillerine-de biraz düşünip başlapdy. Nähilidir bir düşnüksiz ýagdaýda ol olaryň özi üçin Çopanyň beren ýöne bir ýol görkezijileri we kömekçileri bolman, eýsem indi hakyky dostlary bolup barýandyklaryny duýup başlapdy. Mundan başga-da, ol öz ugradyjylaryna başgaça seredip başlanynda, daş-töweregiň owadanlygyna we şatlygyna bolan gatnaşygynyň hem üýtgändigini duýýardy.
Onuň duýgulary täsin ýagdaýda edil ýitileşen ýalydy we bu oňa durmuşyň her bir pursadyndan keýp almaga mümkinçilik berýärdi; özüniň ýoldaşlarynyň Gaýgy bilen Ejirdiklerine seretmezden, ol käte-käte düşündirip bolmaýan şatlygy we kanagatlanmany duýýardy. Ol peçdäki oduň ýalynynyň dillerine syn edeninde ýa-da eşiklerini guradanynda bu şeýle bolupdy. Ýa-da asmandan akýan suw akymynyň agaçlary ýokary-aşak sallap döwşüne aýnadan seredininde-de şeýle bolupdy. Şeýle duýgulary ol daň şapagynyň öň ýanynda bulutlaryň arasyndan ýalpyldap görünýän daň ýyldyzyna seredininde we nobatdaky tupanyň öň ýanyndaky ümsümlik döwründäki guşlaryň ýokary heňlerde saýraýyşlaryny eşideninde başdan geçiripdi.
Şeýle pursatlarda tebigat onuň bilen dag dilinde gepleşýärdi we özüniň haýran galmaklygyna, Wah-Gorkýan bu diliň gaty owadandygyny bilip başlady. Munuň şeýle owadanlygy sebäpli, onuň gözlerine şatlykdan gözýaşlar aýlanýardy, ýüregi bolsa, beýan edip bolmaýan şadyýanlykdan dolan ýalydy.
Bir gezek irden heniz tupan tokaýda hemişekisinden-de gaty güýçli seslenýärkä, Gaýgy peçiň ýanynda oturyp, Wah-Gorkýanyň ýaňy öwrenip başlan dag dilinde bir aýdymy ýuwaşja aýdýardy. Wah-Gorkýan bar ünsüni bu aýdyma çekdi. Men size bu aýdymyň iň oňat terjimesini teklip ederin, emma aslynda bu aýdym gaty owadan, çünki ol tokaýyň dürli seslerinden we owazlaryndan doludy:
«Saklan, Gaýgy, — diýip Wah-Gorkýan seslendi, — sen aýdym aýdyp bilýänsiň diýip hiç haçan oýlanmandym».
Gaýgy ýuwaşja jogap berdi: «Meniň özüm hem muny bilmeýärdim, emma biz tokaýyň içi bilen şu ýere gidenimizde, häzirki aýdýan aýdymymyň sözleri we sazy kellämde peýda boldy».
Wah-Gorkýan oňa: «Bu aýdym maňa ýarady. Ol meniň hem aýaklarymyň keýigiň aýaklary ýaly boljak wagtyny maňa ýatlatdy, şol sebäpden hem ol meni rahatlandyrdy. Bu aýdymyň sazy bolsa, gaty ýakymly we şadyýan eşidildi welin, men şatlykdan ýaňa bökjeklejekdim» diýdi. Özüniň agsak aýaklary bilen bökjekleýändigi göz öňüne gelende, Wah-Gorkýan gülüp goýberdi we öz ýoldaşyndan: «Bu aýdymy maňa öwret, haýyş edýän» diýip sorady.
Şeýlelik bilen, biziň çopanjygymyz bu aýdymy ýatlaýança, Gaýgy ony birnäçe gezek aýtmaly boldy. Onsoň Wah-Gorkýan özüniň keýik kimin daglarda bökjekläp ýöreýşini we Çopan kimin gaýalardan gaýalara böküşini göz öňüne getirjek bolup, otagda bu aýdymy öz içinden aýdyp ýördi. Şol günüň ýetip geleninde onuň aýaklary keýigiňki ýaly bolup, Çopan nirä gitse-de, onuň yzyna eýerip biler. Oňa görünýän surat şeýle bir täsindi welin, munuň hakykatdan-da şeýle bolmagyna rahatlyk bilen garaşyp bilmeýärdi.
On ikinji bap
Tümlükde
Biziň gahrymanlarymyz ýollaryny dowam etdirenlerinde ümür şeýle bir goýudy welin, ýagny ýoluň iki tarapyndaky agaçlar hem çalaja görünýärdiler. Hatda olaryň özleri-de zordan we hakyky däl ýaly görünýärdiler. Tokaýyň beýleki bölegi bolsa sowuk we öl ak örtgi bilen örtülip, gözden ýitipdi. Gaty typançak we palçyklydy. Ýokary gidýän ýol öňküsi ýaly gaty kyn däldi we şol sebäpden hem birnäçe sagatdan soň Wah-Gorkýan özüniň haýran galmagyna, ýene-de gögüň gümmürdisiniň we ýyldyrym zerarly ýykylýan agaçlaryň sesleriniň ýetişmeýändigini aňdy.
Ol eýýäm düşünip başlapdy: özüniň nähili gorkajykdygyna seretmezden, onda synaglara we kynçylyklara şadyýanlyk tolkunlary bilen jogap berýän bir zat bardy. Içigysma we birmeňzeşlige seredende, olary ýeňip geçmek aňsatdy. Ýöne howpluklar ony titremä we tolgunma getirýänligi hem dogrudy. Indi bolsa onuň öňünde gaty uzyn we argynly öňe bolan ýol bardy. Töwerekde daglaryň üstüni örten we günüň ýekeje-de şöhlesini geçirmeýän şipbeşik ak ümürden başga zat ýokdy.
Ahyrynda Wah-Gorkýan sabyrsyzlykdan ýarylyp: «Bu içigysma we ýürege düşýän ümür hiç haçan gutarmazmyka?!» diýdi. Ynanarsyňyzmy ýa-da ýok, jogap edip agaçlaryň arkasyndan has tanyş bolan bir ses eşidildi.
«Ýok, gutarmaz, — diýip Öýke aýtdy. — Indi bolsa gizläp oturmagyň geregi-de ýok — bu tükeniksiz dowam eder. Näçe ýokary bolsa, şonça-da bu ümür gaty goýy bolar. Bu syýahatyň ahyryna çenli seniň garaşyp bilýänleriňiň barydyr».
Wah-Gorkýan özüni aýdylanlary eşitmeýän ýaly alyp bardy. Emma ses dowam edýärdi:
«Wah-Gorkýan, sen öz gidýän ýoluňyň daga hiç göterilmeýändigine üns berdiňmi? Sen ýokary gidýän ýoly yzda galdyryp, indi bolsa şol bir ýerde aýlanyp ýörsüň».
Wah-Gorkýan muňa üns bermedi, emma indi bolsa munuň şeýledigini boýun alman bilmedi. Olar daga hiç göterilmeýärdiler, ýöne onuň eteginde kä aşak düşüp, käte ýokary göterilýärdiler; emma aşak gaýdýan aýlawlar köpelip barýan ýalydy. Olaryň daglara ýokary galman, tersine, ýuwaş-ýuwaşdan aşak düşýändikleri bolup bilermidi? Bu ümürde hiç zat görnenokdy we Wah-Gorkýan nämeniň nirededigini aňypp bilmeýändigine düşündi. Ol özüniň ýoldaşlarynyň bu barada näme pikir edýändiklerini sorady. Olar özleriniň Çopanyň görkezen ýolundan gidýändiklerini we özlerini bu ýoldan çykarmaga hiç kime rugsat bermejekdiklerini gysgaça düşündirdiler (Wah-Gorkýan Öýkä gulak goýmaly däldi).
Wah-Gorkýan gaharly sesi bilen: «Emma ümürde ýoly ýitirendiris diýip, siz oýlamaýaňyzmy? Çopan bize ýoluň ýokary gidýändigini aýdypdy, görşüňiz ýaly bu beýle däl. Bu ýol dagyň eňňidinden aýlanyp gidýär. Biziň ümürde üns bermedik, ýokary gidýän başga bir göni ýol bolaýmaly» diýdi.
Olaryň ýeke-täk jogaby şu maslahat boldy: hiç haçan Öýkäniň diýýänlerine gulak asmazlyk.
Birden Hasratyň hem sesi eşidildi: «Başga tarapa saklanman gideniňçe, hiç bolmanda, belki-de sen yzyňa dönüp, gowuja seredersiň?»
Gaýgy we Ejir muňa hiç-de üns bermediler. Emma, gynansak-da, Wah-Gorkýan üns berdi. Öňküsinden-de gazaply ses bilen: «Meniň pikirimçe, siz bu aýdylanlara gulak asmalysyňyz. Belki biz dogrudan hem yzymyza dönüp, dogry ýoldan çykmandygymyzy barlamalydyrys. Dogrudanam, hemişe şol bir ýerde aýlanyp oturmagymyzdan näme peýda bar?»
Muňa jogap edip olar: «Eger biz aýlanyp ýöreýän bolsak, onda ahyrynda azaşan ýerimize ýene dolanyp bararys. Onsoň ünsli bolup, goýberen ýolumyzy taparys. Ýöne bir şert bilen, ýagny ol Hasratyň oýlap tapan zady bolman, hykatdan-da bar bolsa».
«Wah, sen biçäre, — diýip ümüriň arasyndan Özüne-haýpy-gelmekligiň pyşyrdysy eşidildi. — Seni şunuň ýaly kesirleriň aladasyna tabşyrandyklary nähili gynançly! Näçe wagty biderek ýitirendigiňi oýlansana! Her gün ýol geçip ýadadyň we bary biderek. Sen eýýäm Belentliklere çykmalydyň ahyryn!»
Şeýdip onuň duşmanlary bar zady büräp duran şepbeşik ümüriň arasyndan pyşyrdaşmaklaryny dowam etdirýärdiler. Elbetde, ol olara gulak goýmaly däldi. Emma bu ümüriň bar zady erbet edýänligi, ýoluň bolsa gaty içigysgynç bolanlygy zerarly, Wah-Gorkýan olaryň diýýänleriniň barynyň öz erkine garşy gidip, ýüreginde orun tapýandygyny duýýardy.
Ejir olaryň kiçijik toparyny erjellik bilen öňe eltýärdi, Gaýgy bolsa yzda ýöräp, yza öwrülmäge hiç hili mümkinçilik berenokdy. Wah-Gorkýan öňküsinden-de has agsaklaýardy we büdreýärdi. Şu sebäpli ol gürlemezek boldy we onuň bilen bile gitmek gaty kyndy. Ýöne her gezek büdräninde, Wah-Gorkýanyň ynsaby ezýet berip, ol ah çekip boýnuburuklyk bilen öz ýoldaşlaryndan ötünç soraýardy. Şonda-da, bu oňa ýene-de büdremezlige kömek edenokdy. Garaňkylyk aýrylmagyň deregine, öňküsinden-de has goýy we sowuk bolup barýardy.
Ahyrynda bir gün ýolda hemişeki ýykylmalaryndan kir, öl we hapa bolan Wah-Gorkýan emedekläp barşyna aýdym aýtmaklygy ýüregine düwdi.
Wah-Gorkýanyň owazly sesiniň onuň ýüzünden owadan däldigini biz heniz aýtmandyk. Ýöne Çopan onuň bilen bile aýtsa, onda ol aýdym aýtmagy halaýardy we owadan eşidilýärdi. Emma onuň ýeke özi aýtjak bolsa, onda netije erbet bolardy. Ümüriň gaty goýy we şepbeşik bolanlygy zerarly Wah-Gorkýan özüni demigip barýan ýaly duýýardy. Wah-Gorkýan bir zat edip şatlanmaga synanyşyp, özüni yzarlaýan elhenç sesleri basyp ýatyrmaklygy ýüregine düwdi.
Indi owazly bolmadyk sesi zerarly, garyndaşlarynyň öz üstünden gülmäge mümkinçilikleriniň boljakdygy baradaky pikir kellesine gelende, Wah-Gorkýan özüni biraz oňaýsyz duýdy. Emma Wah-Gorkýan näme bolsa-da, aýdym aýtmaklygy çözdi. Ol öz-özüne: «Eger-de men batly aýtsam, onda olaryň seslerini eşitmerin» diýdi. Kellesine gelen ýeke-täk aýdym — bu Gaýgynyň bir wagtky öwreden aýdymydy. Ýagdaýa gabat gelmeýän ýaly bolup görünýändigine seretmezden, Wah-Gorkýan titreýän sesini gataldyp, aýdyp başlady:
Wah-Gorkýan tä aýdym aýdyp bolýança, doly ümsümlik boldy. Duşmanlaryň ähli batly we masgaralaýjy sesleri bes edildi. «Bu örän gowy pikir, — diýip Wah-Gorkýan öz-özüne aýtdy. — Olaryň diýýänlerini diňlemezlik üçin bu barada öňräk ýatlamalydym. Beýle usul gulagyňy pamyk bilen dykanyňdan gaty oňat. Men ynanýaryn, hawa, men dogrudan-da ynanýaryn, ýagny öňde ümrüň arasyndan kiçijik yşyk görner. Nähili täsin! Men ýene-de bu aýdymy aýdaryn». Ol şeýle-de etdi.
«Hawa, Wah-Gorkýan, — diýen mylaýym sesi ol öz ýanynda eşitdi. — Bu aýdymy men öň eşitmändim. Sen ony nirde ýatladyň?»
Ýüzündäki ýylgyryş bilen uly ädimläp, onuň ýanyna Çopanyň özi ýakynlaşýardy. Onuň özüniň şu garaňky ýoldan olara tarap gelýändigini görende, Wah-Gorkýanyň bar şatlygyny söz bilen beýan eder ýaly däl. Uzak wagtlap daş-töwerek bu elhenç ümür bilen örtülendi we olaryň ellerini degren her bir zatlary sowuk we şepbeşikdi. Indi onuň gelmekligi bilen ümür bada-bat göterildi we ahyrynda bulutlaryň arasyndan hakyky günüň şöhlesi inýärdi. Ýolagçylar muny soňky birnäçe günleriň içinde birinji gezek gördüler.
Wah-Gorkýan uludan demini aldy-da: «Eý Çopan» diýip, onuň elinden ýapyşdy we sözüni dowam etdirjek bolup, ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Indi ony hiç haçan görüp bilmejekdigi Wah-Gorkýana, hakykatdan-da, çyn bolup görünýän ýalydy.
Çopan olaryň üçüsine-de ýylgyryp, ýene-de sorady: «Aýtsana maňa, Wah-Gorkýan, sen bu aýdymy nirde öwrendiň?»
Gyzjagaz jogap berip şeýle diýdi: «Gaýgy maňa öwretdi. Çopan, men Gaýgy hiç bir aýdym bilmeýär öýtdüm. Emma bu aýdymyň sözleriniň we sazynyň biziň tokaýyň içi bilen ýokary galýan wagtymyz özüne gelendigini Gaýgy aýtdy. Maňa öwretmegini ondan haýyş etdim, çünki... Men özümiň gaty sadajykdygymy bilýärin, emma bu aýdym seniň meniň aýaklarymy keýigiňki ýaly etjek wagtyň barada oýlanmaga mejbur edýär we şonda men hiç haçan şunuň ýaly büdräp ýykylmaryn». Soňra ol özüniň kir bolan köýnegine utanç bilen seretdi.
Çopan oňa: «Seniň bu aýdymy aýdýandygyňa men şat. Meniň pikirimçe, bu aýratyn mylaýym aýdym. Çynymy aýdýan. Meniň özüm hem bir beýt muňa goşaryn öýdýän» diýdi we ol şol heňde şu sözleri aýtdy:
Wah-Gorkýan şatlyk bilen: «Eý Çopan, sen bu beýdi nireden tapdyň? Gaýgynyň maňa öwreden sazyna bu sözler gaty gowy gelişýär» diýdi.
Çopan ýene-de mähir bilen ýylgyryp: «Şu ýol boýunça seniň yzyňdan gelýärkäm, ýaňyja bu sözler meniň kelläme geldi».
Biçäre Wah-Gorkýan! Ol özüniň büdräp, adatdakysyndan-da erbet ýykylandygyny bilýärdi. Onuň ýüzi utanç reňklerinden doldy. Ol hiç zat diýmän, diňe igenç bilen Çopana bakyp durdy.
«Wah-Gorkýan, — diýip, Çopan mähir bilen ýüzlendi, — meniň hiç haçan seni häzirki bolşuň ýaly görmeýändigimi şu wagta çenli hem bilmeýärsiňmi? Men seni Söýgi Şalygyna getirip, bu syýahatyň ähli tegmillerini we kirlerini ýuwanymdan soňky ýagdaýda görýän. Eger men seniň yzyňdan ýöräp, ýoluň seniň üçin kyndygyny we büdräp ýykylyp, kynçylyk çekýändigiňi görýän bolsam, onda bularyň bary seniň meniň bilen Belentliklerde bökjekläp bilýän wagtyňda nähili boljakdygyňy maňa ýatladýandyr. Meniň beýdimi hem ýatlap, saňa Gaýgynyň öwredeni bilen bilelikde aýtjakmy?»
«Hawa, — diýip Wah-Gorkýan minnetdarlyk bilen aýtdy-da, ýene onuň elinden tutdy, — elbetde, men ony ýatlaryn we meniň bilen kän azap çekýän ussanyň başarjaň elleri barada aýdaryn».
Bu wagta golaýlap, eýýäm ümür doly göterilipdi we günüň şöhleleri astyndaky öl otlar we agaçlar şatlyk bilen ýalpyldaýardylar. Olaryň üçüsi-de Çopanyň dynç alyp, günde biraz gyzynmaklyk üçin oturmaklyk pikirini minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Gaýgy we Ejir hemişekisi ýaly Çopan bilen Wah-Gorkýany ýeke galdyryp, daşrakda oturdylar.
Wah-Gorkýan oňa özüniň ümürdäki uzak wagtlap dowam eden garaňky taryhyny: nädip Öýkäniň, Hasratyň we Özüne-haýpy-gelmekligiň bizar edendiklerini, özüniň olardan nädip gorkandygyny we özleriniň ýoldan çykyp azaşandyklaryny gürrüň bermäge başlady.
«Sen dogrudanam, size habar etmän we hatda sizi goraman ýoldan azaşmaklaryňyza men ýol berip bilerin öýtdüňmi?» diýip Çopan sorady.
Wah-Gorkýan gaýgy bilen oňa seretdi-de, uludan demini alyp: «Haçanda Öýke we beýlekiler maňa gygyranlarynda, men bolmadyk biderek zatlara-da ynynmaga taýyn» diýdi.
Çopan gülki bilen oňa: «Seniň aýdymçy bolanyň oňat bolardy. Şonda sen öz duşmanlaryňyň näme diýýändiklerini eşitmezdiň. Gaýgy bilen Ejirden soraý, olar başga-da aýdym bilmeýärmikäler, goý olar saňa öwretsinler. Sen nähili pikir edýäň, Wah-Gorkýan, olar oňat ugradyjylarmy?»
Ol oňa çynlakaý seredip, kellesini yrdy-da: «Hawa, örän oňat. Munuň mümkindigine hiç haçan ynanmazdym, Çopan. Men hatda olary söýdüm. Ilkinji gezek görenimde, olar meni gorkuzdylar. Olar örän gaharjaň görünýärdiler. Meniň bilen gödek boljakdyklaryna we meniň halyma seretmän, öz yzlaryna süýräp giderler öýdüpdim. Men mundan gaty gorkupdym! Emma olar meniň bilen örän mylaýym boldular. Seniň maňa bolan mylaýymlylygyňy we sabyrlylygyňy görüp, olar meniň bilen mylaýym we sabyrly bolmaklygy öwrendiler» diýdi.
Wah-Gorkýan sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi: «Olarsyz men hiç zat edip bilmezdim. Geň galaýmaly, meniň ýaly kiçijik betnyşan we agsaga kömek etmeklik olara ýaraýar öýdýän. Diňe seniň beren tabşyrygyň üçin däl-de, eýsem men ýaly gorkagyň ol ýere baryp üýtgemegi üçin olar, hakykatdan-da, meni Belentliklere eltmek isleýärler. Bilýäňmi, Çopan, bu meniň olara bolan duýgularymy doly özgertdi, men indi olara gorky bilen däl-de, maňa kömek etjek dostlar kimin seredýärin. Munuň gülkünç eşidilýändigini men bilýärin, ýöne kä wagt olaryň meni çynlakaý söýýändiklerini we öz erkleri bilen meniň bilen gitjekdiklerini duýýaryn».
Sözüni tamamlap, ol Çopana seretdi we onuň güljek bolýandygyna haýran galyp üns berdi. Birsalym dymyp durdy-da, onsoň Wah-Gorkýanyň iki ýoldaşlaryna seretmek üçin öwrüldi. Wah-Gorkýan hem olara seretdi.
Özleriniň syn edilýändiklerini aňlamadyk Gaýgy we Ejir daşrakda oturyp, Belentlikler tarapdaky uzak daglara seredýärdiler. Olar ýaglyklaryny aýyrdylar, emma şonda-da Wah-Gorkýan olaryň ýüzlerini görüp bilmedi, çünki Wah-Gorkýan bilen Çopan olaryň arkalaryndan seredýärdiler. Ilkinji gezek olaryň dagyň eteginde özüne garaşyp duranlaryny görenindäkiden olaryň häzir güýçlüräk görünýändigi Wah-Gorkýany haýran galdyrdy.
Şol pursatda olarda adaty bolmadyk bir beýik zat bardy we olaryň özlerini alyp baryşlary hem geňdi. Olar bir-birleri bilen gaty çalt söz alyşdylar, emma gaty ýuwaş gürleýändikleri zerarly Wah-Gorkýan olaryň näme barada gürrüň edýändiklerine düşünip bilmedi. Bu mümkinmikä? Hawa, mümkin! Hakykatda olar gülýärdiler!
Çopan olara birnäçe wagtlap syn etdi-de, ýene-de Wah-Gorkýana tarap öwrüldi. Onuň gözleri gülýärdi, emma ol çyny bilen şeýle diýdi: «Hawa, Wah-Gorkýan, sen mamla. Olar hakykatdan-da öz ýumuşlaryna begenýän ýaly görünýärler. Belki-de olar özleriniň hyzmat edýänine baglydyrlar». Şu ýerde ol ses bilen güldi.
Gaýgy bilen Ejir ýene-de ýüzlerini ýapyp, näme bolýandygyna seretmek üçin yzlaryna öwrüldiler. Emma Çopan olary ýola ugratmagyň öň ýanynda ýene-de bir zatlar aýtmak isledi.
Ýüzünden ýylgyryş aýrylyp, ol çyny bilen sorady: «Wah-Gorkýan, maňa doly ynanar ýaly sen meni söýýäňmi?»
Täze synaga taýýarlanýan mahalyndaky özüne mahsus bolan — doňup galan ýagdaýynda Wah-Gorkýan Çopana seretdi. Onsoň ol ýaýdanyp jogap berdi: «Seni hakykatdan-da söýýändigimi bilýärsiň, Çopan. Meniň kiçijik sowujak ýüregimiň başarnygyndan söýýärin. Meniň seni söýýändigimi bilýärsiň we näçe söýýän bolsam, şonça-da ynanmagy küýseýärin. Şeýle-de men seni söýmegi we saňa ynanmagy mundan-da güýçli küýseýän».
«Dünýäde hemmeler meniň seni aldaýandygymy aýtsalar-da, sen maňa ynanyp bilermiň? Men seni hemişe aldadymmy?»
Wah-Gorkýan hiç zada düşünmän, geň galyp oňa seredýärdi. Onsoň ol: «Hawa, men muňa ynanýaryn, çünki seniň hiç haçan aldamaýandygyňy anyk bilýän. Meni aldamaklygyň bolup biljek zat däl. Menden soraýanlaryňyň hemişe meni gorkuzýandygyny bilýärin, emma hut şunuň ýaly ynanmazlygy men başarmaryn. Men senden däl-de, özümden gorkýaryn ahyryn! Eger bütin älem hem seniň meni aldaýandygyňy aýtsa-da, men munuň mümkin däldigini bilerin».
Ol haýyş edip: «Eý, Çopan, men saňa hakykatdan-da şübhelenýändirin diýip oýlanma. Hatda men örän gorkak we güýçsüz bolanymda-da, meniň saňa... meniň saňa ynanýandygymy bilýärsiň. Ýoluň ahyrynda bolsa men «seniň rehimiň meni belentlere galdyrdy» diýip aýdyp biljekdigime ynanýaryn» diýdi.
Birnäçe wagtlap ol dymyp durdy we haýpy gelen ýaly bolup, örän mähir bilen özüniň öňünde ýerde ýüzün ýatan keşbe seretdi. Biraz wagtdan soň ol örän ýuwaşlyk bilen: «Wah-Gorkýan, eger men seni hakykatdan-da aldaýan bolsam näme bolardy?» diýip sorady.
Indi dymmak onuň nobatydy. Ol onuň aýdan sözlerine, bu kellä gelmeýän pikire näme jogap bermelidigini oýlap tapmalydy. Näme bolardy? Belki ol indi oňa hiç haçan ynanyp, ony söýüp bilmezdi? Belki-de, ol Çopansyz dünýäde ýaşamaly bolar ýa-da özüniň amala aşmadyk arzuwy bilen galmaly bolar? Hiç wagt aldamaz diýeniň tarapyndan aldanandygyňy bilmek? Ony ýitirmek?
Birden ol möňňürip aglap başlady, soňra bolsa göni onuň ýüzüne seredip: «Taňrym, eger sen meni aldamaklygy başarsaň — baş üstüne. Bu hiç zady üýtgetmez. Heniz men barkam, men seni söýmelidirin. Saňa bolan söýgüsiz men ýaşap bilmerin» diýdi.
Ol Wah-Gorkýanyň kellesine elini goýup, hiç haçankysy ýaly örän mähir we mylaýymlylyk bilen oňa ýakynlaşdy-da, öz-özüne aýdýan ýaly gaýtalady: «Eger başaryp bilsem, onda ony aldamaklyga maňa rugsat berlen». Onsoň ol ýekeje-de söz aýtman yzyna öwrülip gitdi.
Wah-Gorkýan özüniň duran ýerinde ýatan kiçijik, buz ýaly sowuk daşjagazy aldy-da, haltajygyna saldy. Soňra ol titräp durşuna Gaýgy bilen Ejire goşuldy we olar öz syýahatyny dowam etdirdiler.
On üçünji bap
Ýitirme jülgesinde
Üçüsi-de birden saklanyp, daş-töwereklerine göz aýlap, aşakdaky jülgä we onuň gutaran ýeri bolan uzaklara seretdiler. Şol ýapgyda göterilmek edil Şikes gaýasyna göterilenleri ýaly gaty kertdi. Olar aşak düşüp, ýokary galmaklygyň ýöne bir güýç däl-de, eýsem kän wagty-da talap etjekdigine göz ýetirdiler.
Wah-Gorkýan bu surata seredip durşuna, şu syýahatda özüniň başdan geçiren synaglarynyň iň agyr we güzaplysyny başdan geçirýärdi. Şunuň ýaly elhenç ýagdaýda ol ýene bir gezek ýoldan çykmaly bolarmyka? Şu wagta olar eýýäm öňküsinden-de ýokary galypdylar. Dogrudan hem, eger özleriniň barýan ýoly ýokary göterilsedi, onda olar tizara garly depelere barardylar we sagdyn edýän çeşmeleriň akýan ýeri bolan Belentliklere ýeterdiler. Ol ýerde bolsa, ýekeje-de duşman olary tutup bilmezdi.
Häzir bolsa munuň deregine ýol olary edil Kemsitme jülgesi ýaly çuňňur jülgä alyp barýardy. Indi olar uzak we içigysgynç syýahat döwründe gazanan ýokarlyklarynyň baryny ýitirmelidiler. Hiç haçan ýokary galmaklyga başlamadyk we beýle synaglarydyr kynçylyklary başdan geçirmedik ýaly hemmesini olar täzeden başlamaly bolarlar.
Wah-Gorkýan ýene bir gezek jülgä seretdi we bütin syýahatyň dowamynda ilkinji gezek özünden: «Meniň garyndaşlarym dogry çykaýdymykalar? Belki men Çopanyň yzyna düşmeli däldim? Başaryp bolmaýan zatlary talap edýäniň yzyna nädip eýermeli?» diýip sorady.
Gara we elhenç birsalym wagtyň dowamynda Wah-Gorkýan Çopanyň yzyna eýermän, yzyna öwrülmeklik barada oýlanyp ýetişdi. Öňe gitmekligiň manysy ýokdy. Hiç kim ony mejbur edenokdy ahyryn! Munuň Çopanyň saýlawy bolanlygy sebäpli ol öz iki ýoldaşlary bilen bu geň ýol bilen gidýärdi. Bu onuň özüniň islän ýoly däldi. Indi bolsa onuň özi saýlap bilerdi. Bar kynçylyklary derrew gutaryp, Çopansyz öz durmuşyna özi hojaýyn bolardy.
Bu elhenç pursadyň dowamynda Wah-Gorkýan Çopansyz ýeriň ähli elhençlerini gördi: özüňi söýmeklikden başga hiç zat ýok. Şol pursatdan başlap, Wah-Gorkýan edil göni döwzaha sereden ýalydy. Birden özüne gelip, Wah-Gorkýan çirkin ses bilen gygyrdy (başgaça aýdyp bolanokdy): «Çopan! Çopan! Çopan! Maňa kömek et! Sen nirede? Meni taşlama!!!» Indiki pursatda ol eýýäm Çopanyň elinden tutup, sandyrap durdy. «Sen isläniňi edip bilersiň, Çopan. Näme isleseň soraý, meni diňe yzyma gaýtarma! Eý Taňrym, senden daşlaşmaga ýol berme. Seni taşlaman, yzyňdan gider ýaly et». Onsoň henizem oňa ýapyşyp, möňňürip aglap: «Eger sen meni aldamaklyga we beren wadaňy ýerine ýetirmezlige ukyply bolsaň, onda edäý, çynymy aýdýan! Diňe meniň senden daşlaşmagyma ýol berme! Yzyma dönmäge maňa rugsat berme. Bu ýol gaty geň göründi we şol sebäpden hem men onuň hakyky ýoldugyna zordan ynandym» diýdi. Ol ýene-de ajygyp aglady.
Çopan ony göterip, elleri bilen gözýaşlaryny süpürişdirdi. Onsoň ol özüniň güýçli we şadyýan sesi bilen: «Wah-Gorkýan, seniň yzyňa dönmekligiňiň gürrüňi-de bolmaz. Hiç kim, hatda seniň titreýän hususy ýüregiň-de, seni meniň elimden aýryp bilmez. Meniň saňa öňräk näme diýenimi ýadyňdan çykardyňmy? «Bu eglenme ölüme däl-de, Hudaýyň şöhrady üçindir». Sen özüňiň ýaňyja öwrenen sapagyňy ýadyňdan çykarmadyň gerek, dogry dälmi?
Şeýle-de, bu sözler hem dogrudyr: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, sen oňa soň düşünersiň». Meniň goýunlarym sesimi eşidip, yzymdan gidýärler. Geň görünýändigine seretmezden, bu ýol bilen gitmeklik seniň üçin howpsuzdyr. Indi bolsa men saňa ýene bir wada bererin: «Saga ýa sola gideniňizde gulaklaryňyz bir sesiň yzyňyzdan: «Ýol budur, ondan ýöräň» diýenini eşidersiňiz»» diýdi.
Biraz wagtlap Çopan dymdy. Wah-Gorkýan bolsa, Çopanyň özüniň ýanyndadygy zerarly minnetdarlykdan we ýeňillikden gürlemek ukybyny ýitirip, henizem oňa ýapyşyp durdy. Onsoň Çopan sözüni dowam etdirdi: «Wah-Gorkýan, muňa çydap bilermiň? Belentliklere bolan syýahat döwründe gazananlaryňy ýitirmäge we olardan mahrum bolmaga sen taýynmy? Hut meniň özümiň bu ýoly seniň üçin saýlanym sebäpli, sen Bagyşlama ýodasy boýunça Ýitirme jülgesine aşak düşermiň? Maňa ynanmaklygyňy we meni söýmekligiňi dowam etdirjekmi?»
Wah-Gorkýan henizem ondan tutup durdy we indi gadym döwürlerde edil şunuň ýaly synaga düşen bir aýalyň sözlerini bütin ýüreginden gaýtalady: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň — meniň halkym bolar, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» (Rut 1:16). Ol saklandy we sözüniň arasynda sakynyp, soňra pyşyrdap: «Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» (Rut 1:17) diýdi.
Şeýdip, Ýitirme jülgesine aşak düşmekligiň öň ýanynda ýene bir gurbanlyk sypasy ýasaldy. Öz ýany bilen göterip ýörän haltajygyndaky daşlaryna ýene bir daş goşuldy. Şondan soň olaryň hemmesi bilelikde aşak gidýäň ýollaryna başladylar. Gidip baryşlaryna Wah-Gorkýan öz ýoldaşlarynyň ýuwaşlyk bilen aýdym aýdýandyklaryny eşitdi:
Soňky iki beýdi bolsa, Wah-Gorkýanyň özi aýtdy. Ýüreginiň şatlykdan dolulygy sebäpli onuň äheňsiz sesi-de üýtgäp, beýlekiler ýaly owazly eşidilýärdi.
Jülgä düşülýän ýapgydyň näçe kert bolýandygyna seretmezden, ol ýeňil göründi. Munuň sebäbi, belki Wah-Gorkýanyň bar güýji bilen Çopany şatlandyryp, oňa lezzet bermeklige synanyşýandygynda bolmagy hem mümkindir. Gözüniň alnynda peýda bolup giden Çopansyz ýaşaýyş suraty hem ony gaty gorkuzypdy! Ol indi hiç haçan özüniň öňküsi ýaly bolup bilmejekdigini duýupdy. Ýöne bularyň bary onuň ýüreginiň töründe ýeke-täk islegiň bardygyny — Çopanyň wada berenlerini däl-de, onuň özüni küýseýändigini aýan etdi. Onuň isleýän bar zady — bu ömürlik onuň yzyna düşmekdi.
Beýleki islegler ony güýçli tolgundyryp we utandyryp bilýärdiler. Emma indi ol özüniň ýüregini Çopandan başga hiç kimiň dolduryp, oňa lezzet berip bilmeýändigini anyk bilýärdi. Ol öz-özüne: «Iň wajyp ýeke-täk bir zat bar — ony söýmeklik we onuň tabşyranlaryny ýerine ýetirmeklik» diýdi. «Başga hiç zadyň manysy ýok. Hemişe söýmeklik — bu ejir. Söýgi — bu gaýgy. Emma ony söýmeklik — bu hiç zada seretmezden, örän ajaýypdyr. Eger men ony söýmekligimi bes etdirsem — men ölerin». Şeýlelik bilen, eýýäm aýdylyşy ýaly olar jülgä gaty çalt bardylar.
Indiki sowgat şundan ybaratdy: dagyň arassa we şähdiňi açýan howasyndan soň jülgäniň ilkibada erbet täsir edýändigine seretmezden, ol gaty owadan we rahat ýer bolup çykdy. Ol ýap-ýaşyldy we ýuwaşja akýan çeşmeleriniň boýlary kimin onuň meýdanlary-da güller bilen örtülgidi.
Ýene bir geň galaýmaly zat: Wah-Gorkýan beýleki ýerlere seredeninde, aşakda, şol Ýitirme jülgesinde özüni oňat dynç alan ýaly gaty rahat we göwnühoş duýýardy. Onuň iki ýoldaşy-da üýtgäpdirler. Olar henizem Wah-Gorkýanyň elinden tutýardylar, emma olaryň ýakynlaşmaklary indi hiç hili agyry ýetirmeýärdi. Olar indi Wah-Gorkýan üçin edil özleriniň bile gidýändiklerine şatlanýan joralary ýalydy.
Şeýle-de olar hemişe aýdym aýdýardylar. Käwagt bu aýdymlaryň dilleri olaryň Wah-Gorkýana öwreden diline meňzemeýärdi. Emma Wah-Gorkýan bu sözleriň manysyny olaryň düşündirmeklerini haýyş edeninde, olar ýöne gülüp, başlaryny yraýardylar. Ine, bu üç ýolagçynyň Ýitirme jülgesinde aýdan birnäçe aýdymlarynyň biri. Bu aýdym hem Wah-Gorkýanyň gaty halaýan aýdymlar depderçesindendi.
Ýöne welin Wah-Gorkýan jülgäniň beýleki tarapyndaky daglara seredeninde, biraz ruhdan düşdi we nädip özleriniň olara çykyp biljekdigini oýlady. Emma ol minnerdar bolup, Çopanyň islän wagtyna çenli bu jülgede rahatlyk bilen gezip bilerdi. Bir zat ony gaty ruhlandyrýardy. Daglardaky kyn we taýpançak ýollarda ýykylyp, özüne şikes ýetirip agsaklap ýöräninden, indi bu ýaşyl meýdanda büdremän, hiç hili agyry duýman ýöremekligiň mümkindigine göz ýetirdi.
Bularyň bary oňa geň görünýärdi, çünki ol hakykatdanam Ýitirme jülgesindedi. Elbetde, ol hiç haçan Belentliklerden şunuň ýaly daşlaşmandy. Bir gezek ol bu barada Çopandan sorady. Bu ýeriň Çopanyň özüniň kän gelýän söýgüli ýeridigini aýdyp, olar bilen bu ýerlerde kän aýlanyp ýöreýändigi iň täsin zatdy.
Wah-Gorkýanyň soragyna jogap edip ol şeýle diýdi: «Seniň hem bu jülgäni söýüp başlandygyňa men şat, Wah-Gorkýan. Emma diňe ýokardaky getiren gurbanlygyň üçin häzir sen özüňi örän ýeňil duýýaň diýip men pikir edýän».
Bu hem Wah-Gorkýany biraz howsala saldy we ol: «Emma seniň maňa buýran beýleki gurbanlyklaryňdan soň adat boýunça ýol öňküsinden-de kynlaşyp, synaglar-da agyrlaşýandygyna üns beripdim» diýdi.
Ol ýene-de güldi-de, gurbanlyklardaky iň wajyp zadyň — olaryň mümkin däl zady mümkin edýändiklerini belledi. Şu sapar munuň oňa beýik göreşleri däl-de, rahatlygy getireni oňat boldy. Wah-Gorkýan Çopanyň heniz gürleýärkä, geň galyp seredendigine üns berdi. Bu bakyşda täsin mähiriň bardygyna seretmezden, onda öň hem bar bolan, emma Wah-Gorkýanyň düşünip bilmedik başga bir zady bardy. Ol bu «başga bir zadyň» iki zatdan durandygy hakynda oýlandy — ýok, haýpy gelmek däl, bu başga sözdi, has dogrusy bu beýik gynanç we gozganmaýan hyjuwlylykdy.
Wah-Gorkýan muňa aň ýetirende, Belentliklere çagyrylmazyndan ozalky Kemsitme jülgesindäki Çopanyň bir hyzmatkärleriniň aýdan sözlerini ýadyna saldy. Ol adam şeýle diýipdi: «Söýgi ajaýyp. Şeýle hem ol elhençdir, sebäbi ol öz söýgülisinde hiç bir mynasyp däl we nejis zatlaryň galmaklygyna ýol bermeýändir».
Wah-Gorkýan bu barada ýatlanynda, ýeňilräk tikenekleme bilen: «Özüniň isleýäni ýaly bolýançam ol hiç haçan kanagatlanmaz» diýip oýlandy. Soňra özüniň henizem Wah-Gorkýan bolýandygy we öz adyny üýtgetmeklige taýyn däldigi sebäpli agyryly gorky bilen: «Indi näme etmekligi ol oýlanýarka, bu-da agyryly bolarmyka?» diýip pikirlendi.
On dördünji bap
Pata berlen ýer
Ýöne Wah-Gorkýan özüniň iki ýoldaşlary bilen şol ýere baranynda bir kiçijik kepbäniň ýanynda Çopanyň garaşyp duranyny gördi. Birden... nähili täsinlik! Gaýalaryň has ýokary we kert bolan ýerinde olar duran ýerleri bilen beýleki tarapdaky aýratyn duran gaýalary birleşdirýän asma ýoly gördüler.
Polat tanapda oturgyçlar asylgydy we olara iki bolup münüp, ýeňillik bilen göni depelere göterilip bolardy. Ýöne welin ýerden gaty ýokarda ýüzüp barýan bu ynamsyz oturgyçlara birinji gezek seredende, Wah-Gorkýan özüniň kellesiniň aýlanyp, aljyraňňylyga düşendigini duýdy. Wah-Gorkýan bu elhenç uçudyň üstünden geçmek üçin şu oturgyçlaryň birinde-de meýletinlik bilen oturyp bilmejekdigini oýlandy. Eger birden ýykylaýsaň-da, saklar ýaly kiçijik aýak goýulýan tagtajykdan başga hiç zat ýokdy.
Çopanyň ýylgyryp, oňa ýüzlenen wagty bu duýgular dessine aýryldy. Çopan oňa: «Wah-Gorkýan, ýör gideliň, biz ikimiz birinji oturgyja müneris, Gaýgy bilen Ejir bolsa indikä münerler. Seniň etmeli bar işiň - şu oturgyja ynanmak we ol seni doly howpsuzlykda ýokary çykarar. Sen tarapdan hiç zat talap edilmez» diýdi.
Wah-Gorkýan öňe ýöräp, oturgyçlaryň birine mündi. Çopan onuň ýanynda oturdy. Iki ýoldaşy bolsa, indiki iki oturgyjy eýelediler. Birsalymdan soň olar öň elýetmez bolup görünýän Belentliklere tarap saldamly we göni hereketlenip başladylar. Ýolagçylara diňe dynç alyp, täsin tebigatdan keýp almakdan başga hiç zat galanokdy. Oturgyçlaryň biraz çaýkanýandyklaryna seretmezden, hiç kimiň kellesi aýlanmady we olar tä aşakdaky jülge edil kiçijik ýaşyl hala meňzeş bolup görnenine deňeç ýokarlardan ýokarlara göterildiler. Töwerekde bolsa diňlere meňzeýän Söýgi Şalygynyň ýalpyldaýan ap-ak depeleri ýokary göterilýärdi. Tiz wagtdan olar dagyň beýleki tarapyndan ýörän ýerlerinden-de gaty ýokarda boldular. Muňa seretmezden, olar ýene-de göterilmeklerini dowam etdirýärdiler.
Haçanda olar asma tanap ýoluň soňuna baryp, howa oturgyçlaryndan düşenlerinde, Wah-Gorkýanyň şu wagta çenli görmedik owadan ýerinde boldular. Bularyň heniz Söýgi Şalygynyň Belentlikleri däldigine seretmezden, biziň ýolagçylarymyz eýýäm onuň serhedine ýetipdiler. Olaryň daş-töwerekleri güllerden dolup duran giden çemenlikdi. Bu ýer şa köşgüniň owadanlygyndan hem birnäçe esse owadan görünýärdi. Meýdanlyklarydyr çeşmeleriniň kenarlary dürli meýdan gülleri bilen bezelgidi.
Ýalpyldap duran depeleri owadan gurlan diňler kimindi. Olar edil ak mermer daşyndan edilip, bulutsyz asmana girip gidýän ýaly görünýärdiler. Gün şeýle bir yşyklanýardy welin, edil gülleriň ýerden çykyp, onuň şöhleleriniň şöhradyny kabul etmeklik üçin açylyp barýanyny görüp bolýan ýalydy. Çar tarapdan sygyrlaryň we geçileriň jaňlarynyň sesleri eşidilýärdi. Howa hem ençeme guşlaryň saýraýan owazlary bilen doludy. Emma bularyň barynyň üstünden bir güýçli ses göterilýärdi. Ol edil özi bilen bütin etraby doldurýan ýalydy.
Bu ses ullakan gaýadan aşak inýän beýik şarlawugyň sesidi. Onuň güýçli akymlary öz başlaryny Belentliklerden alýardylar. Ol gaty owadandy welin, ne Wah-Gorkýan, ne-de onuň ýoldaşlary aýdar ýaly ýekeje-de söz tapyp bilmediler. Olar iňňe pürli agaçlaryň hoşboý yslaryndan dolan arassa howadan dem alyp durdular.
Ýolagçylar her ädimlerinde saklanýardylar we egilip kä haýsydyr bir owadan güle bakyp galýardylar, käte çeşmäniň dury suwuna ellerini sokýardylar. Käte bolsa olar özlerini gurşan täsinligiň arasynda durup, şatlykdan gülýärdiler. Çopan olary biliňe ýetýän ysly we öl otly çemenligiň içi bilen beýik şarlawuga alyp bardy.
Soňra ýolagçylar gaýalaryň etegine ýetdiler. Olar ýüzlerinde suwuň ýeňil damjalaryny duýup, salkyn saýada durdular. Çopan olaryň şu ýerde saklanyp, ýokary seretmeklerini buýurdy. Beýik gaýalaryň etegindäki ownujak keşp bolan Wah-Gorkýan kellesini göterip, Belentliklerden aşak inýän üznüksiz akyma seretdi. Ol özüniň şu wagta çenli şunuň ýaly beýik we gaty owadan zady görmändigi hakynda oýlandy. Daşlara urlup, çym-pytrak bolmaklary üçin suwlaryň akýan daşly çykydyň ýokarlygy ony gorkuzýan ýalydy. Şarlawugyň aşagynda ullakan ses ýöne gulagyňy deşip barýardy. Bularyň bary şarlawuga beýan edip bolmaýan owadanlygy berýärdi.
Wah-Gorkýan durup şarlawugyň sesini diňleýärkä, ähli suwlaryň bilelikdäki sesleriniň sazynyň dolulygyny eşidýändigine düşündi. Suwlar aşakdaky, Kemsitme jülgesindäki ähli kiçijik çeşmeleriň başdaky aýdymynyň sazyny çalýardylar. Indi bolsa ony müňlerçe sesler has owazly we owadan edip aýdýardylar. Aşakdaky jülgelerde hiç kim hiç haçan muňa meňzeş zady eşitmändi. Olar şol öňki aýdymy aýdýardylar.
«Wah-Gorkýan, — diýip öz ýanynda Çopanyň sesi eşidildi, — sen bu beýik suwlaryň aşak inişi we olaryň hetdenaşa joşgunlygydyr, özlerini doly bermeklerine nähili seredýäň?»
Azajyk titreýän Wah-Gorkýan: «Meniň pikirimçe, bu hem owadan, hem-de gorkunç. Men hiç haçan munuň ýalyny görmändim» diýdi.
«Näme üçin gorkunç» diýip ol sorady.
«Olaryň ýerine ýetirmeli towusmasy üçin. Olaryň aşak inip, daşlarda çym-pytrak bolmaklary üçin bu gaty elhenç belentlik. Men muňa ýöne seredip bilmeýän».
Ol ýene-de: «Oňatja seret. Gözleriň bilen diňe bir damjanyň gaýadan aşak inip, tä ýere urulýanyna çenli syn et» diýdi.
Wah-Gorkýan şeýle-de etdi. Haýran galanyndan agzyny ýumup bilmedi. Gaýadan aşak inip, özlerini doly berýändikleri üçin şatlykdan hetdenaşa joşup uçup barýan damjalar ganatly bir zada meňzeýärdiler. Ol uçup baryşlaryna şatlykdan aýdym aýdýan ganatly perişdeleriň toplumyny görýändir öýdüp hem bilerdi.
Ol gözüni aýyrman seredýärdi. Oňsoň: «Olar muny dünýädäki işleriň iň oňady hasaplaýan bolaýmaklary mümkin. Aşak inmeklik — bu edil özüňi beýan edip bolmaýan şatlyga we joşgunlyga bermekligi aňladýan ýaly» diýdi.
«Hawa, — diýip Çopan tolgunýan sesi bilen jogap berdi, — Wah-Gorkýan, seniň muňa üns bereniňe men gaty şat. Bu Söýgi Şalygynyň Belentliklerinden akýan Söýgi Şarlawuklary. Sen olar bilen ýene-de duşuşarsyň. Aýtsana maňa, suwlar aşakdaky daşlara urlanlaryndan soň şatlanmaklaryny bes edýärlermi?»
Wah-Gorkýan ýene-de onuň görkezýän ýerine seretdi. Suw akymlarynyň näçe aşak düşdükleriçe, şonça-da olar ýeňilleşip, dogrudan hem ganatlary bilen aşak inýän ýaly görünýärdiler. Aşakdaky daşlara ýetenlerinden soňra ähli suwlar daşlaryň arasyndan aýlanyp akýan güýçli akymy emele getirip, täsin birlikde akýardylar.
Gülşüp we şatlyk bilen şarlap, çemenligiň içi bilen özlerini doly bermekligiň indiki basgançagy bolan uçuda tarap aşakdan aşaga ylgaýardylar. Ol ýerden bolsa olar ýene-de aşaga — uzak jülgelere özlerini oklarlar. Daşlar olara päsgel bermeýärdiler. Çar tarapda bolsa gülýän we joşýan suwlaryň sesleri eşidilýärdi.
«Ilkibada bu towusmaklyk dogrudan hem elhenç görünýär, —
diýip Çopan aýtdy, — ýöne görşüň ýaly suwuň özi munda hiç hili elhenç zady görmeýär. Ol şübhelenip yza dönmeýär, emma joşup aýdym aýdýar, çünki onuň üçin hereket tebigydyr. Özüni bermeklik — onuň durmuşy. Onuň diňe ýeke-täk islegi bar — hiç zat galdyrman, özüni doly berip, aşaklardan aşaklara akmaklyk. Görýäňmi, haçanda ol bu täsin ymtylyşa boýun bolanynda gaty elhenç görünýän kynçylyklar hem zelelsiz bolup, öňküsinden-de uly şatlygy döredýändirler». Muny aýdanyndan soň ol Wah-Gorkýany we onuň ýoldaşlaryny meýdanyň günüň şöhle saçyp duran ýerine eltdi-de, indiki birnäçe günüň dowamynda şol ýerde oňatja dynçlaryny almaklygy we syýahatyň soňky bölegine taýýarlanmaklaryny buýurdy.
«Syýahatyň soňky bölegi» sözlerini eşideninde, Wah-Gorkýan şatlykdan aýak üstünde durup bilmeýändigini duýdy. Galyberse-de, Çopanyň özi birsalym-da aýrylman, hemişe olaryň ýanyndady. Olaryň barjak Şalygy barada ol kän gürrüň berýärdi. Onuň agzyndan merhemet dökülýärdi we baran ýerinde süýji hoşboý yslar ýaýraýardy. Nähili minnerdarlyk bilen Wah-Gorkýan ömürlik şol ýerde galardy! Eger onuň egri aýaklarydyr agzy we ýüreginiň gorkaklygy bolmadyk bolsa, onda Wah-Gorkýan Belentlikler barada oýlanjak hem däldi.
Bulara seretmezden, gün hemişe şöhle saçanokdy, hatda Belentlikler bilen serhetde-de garaňky günler bolup, ýalpyldaýan depeleri ümür örtýän wagtlary-da bolardy. Eger biziň ýolagçylarymyz öňräk görmedik bolsalar, onda bu dag depeleriniň hakykatdan-da bardygyny ynam bilen tassyklap bilmezdiler we olaryň ümür bilen bulutlaryň arkasynda şunuň ýaly ýakyndadyklaryny-da bilmezdiler.
Ýöne wagtal-wagtal ümrüň arasynda ýagtylyk hem görünýärdi. Şonda açyk aýnadaky ýaly gözüňi kör edýän aklyk görünýärdi. Şu aklykda birsalymda peýda bolup giçýän depeler: «Gorkmaň, bizi görmeseňiz-de, ählimiz hem şu taýda» diýýän ýalydy. Oňsoň ýene-de ümür goýulaşyp, gögüň äpişgesi ýapylýardy.
Şeýle günleriň birinde Çopan Wah-Gorkýana şeýle diýdi: «Sen ýene-de ýola ugranyňda töweregiňde goýy ümür we bulutlyk bolmaklygy mümkin. Belki-de şu Belentliklerde gören zatlaryňyň bary seniň üçin ýöne düýş ýaly bolup görner. Emma sen eýýäm bulary hakykatdan-da gördüň, ýöne ony senden gizlejek bolýan ümür bolsa boş hyýaldyr.
Görenleriňe berk ynan. Hatda saňa Belentliklere ýol näbelli bolup görünýän ýaly hem bolsa ýa-da sen özüňi başga ýoldan gidip barýan ýaly duýsaň, onda wadany ýadyňda sakla: «Saga ýa sola gideniňizde gulaklaryňyz bir sesiň yzyňyzdan: «Ýol budur, ondan ýöräň» diýenini eşidersiňiz». Tä men ara goşulýançam, hemişe boýun bolmaklyk ýodasyndan öňe ýöre. Hatda bu ýol meniň seni iberen ýerlerimdigine ynanyp bilmejek ýerlere eltýän ýaly bolup görünse-de, şübhelenme.
Şu wagta çenli görenleriňiň ümür bilen örtülendigini ýadyňdan çykarma. Belentlikleriň öňdedigine şübhelenme. Näme bolsa hem wada berşim ýaly meniň seni ol ýere eltjekdigime berk ynamly bol». Ol sözüni tamamlanynda ümür örtgüsinde ýene bir ýagtylyk peýda boldy we olaryň üstlerindäki mawy asmanyň ýüzünde Belentligiň ýene bir depesi ýalpyldady.
Gaýtadan ümür örtgüsi goýulaşyp ýetişmänkä, Wah-Gorkýan egilip, görnenler baradaky ýadygärlik bolar ýaly birnäçe gül ýygdy. Oňsoň öz-özüne: «Bular hakykatdanam Belentlikleriň aşak eteklerinde ösdüler. Bu depeleriň görünmeýändiklerine seretmezden, olaryň hemişe şol ýerde, ýagny öz ýerlerindediginiň girewidir» diýdi.
Şol ýerde bolýan günleriniň soňky gününde Çopan bir ajaýyp zady etdi. Ol Wah-Gorkýany Söýgi Şalygynyň Belentlikleriniň biriniň depesine eltdi. Ol ony ähli beýleki depelerden beýik bolan we şa kürsüsine meňzeýän depä alyp çykdy.
Şol dagyň ýokarsynda ol onuň gözüniň öňünde özgerdi. Diňe şonda Wah-Gorkýan onuň bütin ýolda güman edeniniň özüdigini bildi. Onuň öňünde Söýgi Şasynyň we bütin Söýgi Şalygynyň hökümdarynyň özi durdy. Ol ýalpyldaýan arassa ap-ak eşikler geýnendi. Olaryň üstünden bolsa altyn we gymmat baha daşlary tikilen goýy gyzyl, gök we gyrmyzy reňkli uzyn we giň geýim geýnendi. Kellesinde onuň şa täji bardy. Wah-Gorkýan oňa baş egip, onuň aýagynyň ýanynda dyza çökdi. Emma oňa seredýän ýüz Wah-Gorkýanyň özüni söýýän we Belentliklere tarap yzyna düşen Çopanyň ýüzüdi. Onuň gözleri bolsa, öňküsi ýaly henizem mähirden we ýumşaklykdan doludy, emma şeýle-de olarda güýç, erk we ygtyýar ýagtylanýardy.
Ol elini uzadyp, sessiz-üýnsiz Wah-Gorkýany galdyrdy we ol ýerden bütin etraby eliňiň aýasynda ýaly görüp bolýan iň beýik depeleriň birine eltdi. Şol ýerde, onuň ýanynda durup, Wah-Gorkýan şatlykdan özüni bilmeýärdi. Oňa bütin Söýgi Şalygy görünýärdi. Gaty uzaklarda düzlükler, jülgeler, beýik derýa we çöl görünýärdi. Hatda Wah-Gorkýan özüniň Kemsitme jülgesini görýändigi hakynda hem oýlandy. Wah-Gorkýan ol ýerde kän wagt ýaşapdy we ol ýerde Çopan bilen tanşypdy. Emma bu öňki durmuşdakysy ýaly gaty ir bolan ýalydy.
Wah-Gorkýanyň çar tarapynda Belentlikleriň garly depeleri bardy. Bu daglaryň esaslarynyň kertdikleri oňa görünýärdi. Biraz ýokarrakda bu daglar tokaýa geýnendiler, soňra bolsa olary çemenlikleriň otlary, iň soňunda bolsa gar örtüpdi. Nirä seretse-de, şol wagtda däp bolşuna görä hemme ýerde ak güller ösýärdiler. Olaryň gar ýaly ýaprajyklary günüň şöhlelerinde gözüňi gamaşdyrýardy.
Her bir gülüň özeninde arassa altyndan edilen täç bar ýalydy we olar şu wagta çenli Wah-Gorkýana tanyş bolmadyk örän süýji hoşboý ys bilen howany doldurdylar. Olaryň kiçijik ýüzleri we täçjagazlary aşak öwrülendi we jülgä seredýärdiler. Güller şeýle bir köpdi welin, ýekeje adam-da olaryň sanyny sanap bilmezdi. Aşakdaky dünýäde näme bolýandygyna syn etmeklik üçin olar edil «beýik güwäler buludy» kimin aşak egilýärdiler. Şa öz ýoldaşlary bilen nirä gitse-de, ak geýimli bu güller olaryň aýaklarynyň astynda baş egýärdiler.
Çopanyň Wah-Gorkýany getiren iň ýokary depesinde arassa altyndan ýasalan gurbanlyk sypasy bardy. Günde onuň gaty ýalpyldaýandygy üçin Wah-Gorkýan oňa seredip bilmedi, ol derrew beýleki tarapa seretmeli boldy. Ýöne ol onda oduň ýanyp duranyny we hoşboý ysly tüsseli buludyň göterilýändigini duýdy.
Şonda Şa Wah-Gorkýanyň dyza çökmekligini buýurdy we altyndan ýasalan gysgyç bilen ýanyp duran közi aldy-da, oňa degrip: «Ine, dodaklaryňa bu degdi; ýazyklaryň aýryldy we günäleriň ötüldi» (Işaýa 6:7) diýdi.
Şol bir wagtyň özünde çydap bolmaýan hem ajaýyp, hem-de elhenç bu ýalyn bar zady durşuna ýakyp barýan ýaly bolup Wah-Gorkýana görünýärdi. Wah-Gorkýan duýgularyndan mahrum bolup, indi hiç zada düşünmeýärdi.
Ol özüne geleninde, Çopanyň ony elinde göterip barýandygyny aňlady. Olar ýene-de serhetdäki welaýatlaryň aşakky eteklerindediler. Onuň öňünde şol öňki Çopan bardy: şa geýimleri we täji ýitipdi, emma henizem gözlerinde adaty bolmadyk güýç we ygtyýar şöhlelenýärdi. Dag depeleri olaryň üstlerinde diňler ýaly göterilgidi, aşakda bolsa hemme zat ümür we bulut bilen örtülendi.
Wah-Gorkýanyň eýýäm güýje girendigini göreninde, Çopan onuň elinden tutdy we olar bilelikde ap-ak tümlüge tarap aşak ugradylar. Olar ümür sebäpli agaçlary zordan görünýän kiçijik tokaýyň içi bilen gitdiler. Töwerekde ýekeje-de ses ýokdy, diňe bir ýerlerde ýere damýan suwuň sesi eşidilýärdi. Haçanda olar tokaýyň ortarasyna baranlarynda, ümür sebäpli görünmeýän guşuň saýraýan sesi ümsümligi bozdy. Ol arassa, aýdyň we örän süýji saýraýardy. Ol şol bir sözleri birnäçe gezek gaýtalap aýdýan ýalydy. Onuň şu aýdymy aýdýandygy Wah-Gorkýana eşidildi:
Tokaý şadyýan seslerden doludy we Çopan Wah-Gorkýan bilen suw damjalaýan öl agaçlaryň arasynda bu seslere gulak asyp durdular.
«Wah-Gorkýan, seni eltjek Şalygyma ýaňyja ýüzleý seretdiň. Ertir sen öz ýoldaşlaryň bilen sizi şol ýere eltjek ýola düşersiňiz» diýip Çopan aýtdy.
Onsoň ol adaty bolmadyk mähir bilen şeýle sözler aýtdy welin, Wah-Gorkýan öz gulaklary bilen bu sözleri eşidýändigine ynanyp bilmedi: «Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň... Ine, seniň duşmanlaryňy aýagyňa ýykalmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler... Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla. Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny... Öz täze adymy ýazaryn» (Ylham 3:8-12).
Hut şonda Wah-Gorkýan batyrlanyp, özüniň hiç haçan berip bilmedik soragy bilen ýüzlendi: «Taňrym, maňa beren wadaňy ýerine ýetirjek wagtyňyň haçan boljakdygyny bilmek maňa mümkinmi?»
Ol örän mähir we uly şatlyk bilen: «Hawa, bu wagt eýýäm ýakyndyr. Bagtly bolmaklyga gaýrat et. Eger-de sen öňüňdäki ýol boýunça göni gitseň, onda wada berlene eýe bolarsyň we men seniň ýüregiňiň islegini ýerine ýetirerin. Wah-Gorkýan, indi garaşmaklyga gaty az wagt galdy» diýdi.
Şeýlelik bilen olar ümür bilen örtülen tokaýda durdular. Wah-Gorkýan şatlykdan sandyrap, ýekeje-de söz aýdyp bilmeýärdi. Diňe doga edip, munuň düýşdügini ýa-da hakykatdan-da özi bilen bolýandygyna düşünip bilenokdy. Çopanyň ýüzünde geň garaýyş peýda boldy. Emma Wah-Gorkýan öz bagty bilen gaty haýran bolandygy sebäpli, hatda oňa üns hem bermedi. Öl agaçlaryň ýokarlarynda kiçijik guşjagaz henizem özüniň şadyýan aýdymyny aýdýardy: «Ol ýeňdi, oňa şöhrat. Ol ýeňdi, oňa şöhrat».
Biraz wagtdan soň Çopan we Wah-Gorkýan Gaýgynyň uýasy bilen garaşyp duran ýeri bolan aşakdaky meýdana geldiler. Ýoly dowam etdirmeli wagt ýetip geldi. Emma Çopan olara pata berip, öz ýoly bilen gitmekligiň ugruna çykanda, Ejir bilen Gaýgy birden onuň öňünde dyza çöküp: «Taňry, soňky birnäçe günleriň içinde biziň dynç alyp, güýje giren ýerimiz nähili ýer?» diýip soradylar.
Ol örän ýuwaşlyk bilen jogap berdi: «Bu ýer meniň öz söýgülilerimi getirip, olary jaýlamaklygyň öň ýanyndaky pata berýän ýerimdir».
Wah-Gorkýan bu sözleri eşitmedi, çünki ol biraz öňde gidýärdi. Ol öz içinden: «Ol: «Bagtly bolmaklyga gaýrat et. Indi garaşmaklyga gaty az wagt galdy we men seniň ýüregiňiň islegini ýerine ýetirerin» diýdi» diýip, birnäçe gezek gaýtalaýardy.
On bäşinji bap
Akymlar
Agşama golaý olar ýoluň gyrasynda duran agaçdan edilen öýe ýakynlaşdylar. Onuň gapysynda Çopanyň gizlin nyşany çekilendi, şonuň üçin hem olar özleriniň şu ýerde dynç alyp, gijäni geçirmelidiklerine düşündiler.
Öýüň içine girip, olar bu ýerde kimdir biriniň ýaňyja bolandygyny duýdular. Peçde ot ýanyp durdy we onuň üstünde gaýnap duran suwly çäýnek bardy. Saçak üç adam üçin taýýarlanandy we onuň üstünde çörekdir miweler bardy. Olaryň bu ýere gelmeklerine garaşylýandygy aýandy. Emma olaryň öňlerinden geleniň hiç hili yzlary-da ýokdy. Ýolagçylaryň üçüsi-de ýuwnup, saçak başyna geçdiler we iýmit üçin minnetdarlyk bildirip, iýmäge girişdiler. Onsoň gaty ýadandyklary zerarly dynç almak üçin ýatdylar we süýji uka batdylar.
Birden Wah-Gorkýan oýandy. Näçe wagtlap uklandygyny ol aňyp bilmedi. Heniz gaty garaňkydy. Ýoldaşlary ýanynda rahat uklaýardylar, emma kimdir biriniň özüni çagyrýandygyny WahGorkýan bilýärdi. Ümsüm bolup ol garaşýardy we ýene-de Sesiň özüniň adyny tutup: «Wah-Gorkýan» diýip çagyrandygyny eşitdi.
«Ine men, Taňrym» diýip Wah-Gorkýan jogap berdi.
Ses oňa: «Wah-Gorkýan, indi Belentliklere meniň bilen gitmeklige çagyran wagtymdaky saňa beren wadamy al. Ýüregiňdäki eýýäm ösen adam söýgüsine bolan tebigy ymtylmany hem al. Daglardaky meniň saňa görkezjek ýerime göteril. Şol ýerde olary maňa ýakma gurbanlygy edip getir» diýdi.
Garaňkylykda Wah-Gorkýanyň sandyraýan sesi eşidilýänçä doly ümsümlik boldy.
«Taňrym, men saňa dogry düşündimmi?»
Ses oňa jogap berip: «Hawa. Indi bolsa öýüň çykalgasyna tarap ýöre we men seniň nirä gitmelidigiňi görkezerin».
Wah-Gorkýan ýanynda uklap ýatan ýoldaşlaryny oýarman, ýuwaşja ýerinden turdy we gapyny açyp, öňe ýöredi. Daş-töwerek ümür bilen örtülendi, garaňkylyk we bulutlar bilen gizlenen daglar hem görünmeýärdiler. Heniz ol uzaklara göz aýlaýança, bir ýerde ümür aýryldy we kiçijik äpişge peýda bolup, ol arkaly ýalpyldaýan aý we bir ýyldyz göründi. Hut olaryň üstünde çalaja ýalpyldap duran bir depe ýokary galýardy. Onuň eteklerinde aşak ymtylyp barýan beýik şarlawugyň başlanýan ýeri bolan şol daşly çykyt bardy. Aşakda bar zadyň ümür bilen örtülendigi zerarly diňe şu gaýaly çykyt görünýärdi.
Şonda Ses ýaňlanyp: «Ine bellenen ýer» diýdi.
Wah-Gorkýan töweregine göz aýlap: «Hawa, Taňrym. Ine men — seniň guluň we aýdanlaryňyň baryny ýerine ýetirmäge taýýardyryn» diýdi.
Şondan soň ol gaýtadan ýatmady, emma öýüň gapysynyň alnynda durup, daňa garaşýardy. Indi oňa şarlawugyň sesi daş-töweregi özi bilen dolduran ýaly bolup görünýärdi we onuň titreýän ýüreginde gök gürleýärdi. Ol ýaňlanyp, Wah-Gorkýanyň her öýjüginde seslenýärdi we gaýtalap: «Indi meniň beren wadamy we ýüregiňiň adam söýgüsine bolan tebigy ymtylmasyny al-da, olary ýakma gurbanlygy hökmünde getir» diýýärdi.
Daňyň şapagynyň görnen dessine, Wah-Gorkýan öz ýoldaşlarynyň ýanyna baryp: «Haýal etmän ýola düşeliň. Men beýik şarlawugyň başlanýan ýerine göterilmeklik tabşyrygyny aldym» diýdi.
Olar basym ýerlerinden turdular-da, çaltlyk bilen garbanyşdyryp, ýola düşdüler. Ýol olary şarlawugyň gök gürrüldisi ýaly sesine tarap daglaryň etekleri bilen göni ýokary alyp barýardy. Emma henizem göterilmedik ümür sebäpli şarlawugyň özi görünmeýärdi.
Birnäçe sagat geçdi we olar ýokary galmaklaryny dowam etdirýärdiler. Ýol bolsa gitdigi saýyn kertleşip barýardy. Uzaklarda gök gürrüldisi eşidilýärdi we tümlük örtgüsini ýyldyrymyň ýalpyldylary kesýärdi. Birden olar ýoluň ýokarragynda dükürdäp, daşlaryň üstlerinden typyp ylgaýan aýak seslerini eşitdiler. Olar saklanyp, ylgaýanlary geçirip goýbermeklik üçin gaýa çekildiler. Tümlügiň içinden ilki bilen Gorkak, onuň yzysüre Hasrat, olaryň yzlaryndan bolsa Öýke, Tekepbirlik we Özüne-haýpy-gelmeklik peýda boldular.
Olar edil janlaryna howp abanan ýaly ylgaýardylar. Üç zenanlaryň deňlerine gelenlerinde: «Yza! Basym yzyňyza dönüň! Öňde gar harasaty inýär! Bütin dag eteklerindäki garlar hem injek bolup titreýärler! Janyňyzy halas ediň! Ylgaň!» diýýärdiler.
Jogaba garaşman, olar ses bilen ylgap, aşaga ökje göterdiler.
Bütin ýol içinde birinji gezek aljyraňňylyga düşen Ejir bilen Gaýgy: «Biz näme ederis? Öýe tarap yzymyza dönüp, tä gar harasaty geçip, harasat köşeşýänçä garaşarysmy?» diýip soradylar.
«Ýok, — diýip, Wah-Gorkýan ýuwaş, emma ynamly sesi bilen jogap berdi. Ýoldaşlaryny turuzyp, olary öz yzy bilen gitmeklige çagyranyndan başlap Wah-Gorkýan ilkinji gezek gepledi. — Ýok, biz yzymyza dönmeli däldiris. Men beýik şarlawugyň gaýadan akýan ýerine barmaklyk tabşyrygyny aldym».
Şonda Ses gaty ýakyndan eşidilip: «Şu ýerde, ýoluň ýanynda seniň üçin taýýarlanan ýer bar. Şol ýerde harasatdan gizlen» diýdi.
Olaryň ýanlaryndaky kert gaýada kiçijik gowak bardy. Ýöne onuň gaty dar bolandygy sebäpli oňa diňe egilip girip bolýardy. Onuň içinde diňe bükülip oturar ýaly ýer bardy. Olar bir-birlerine ýakyn oturdylar. Ine-de birden olaryň üstüne elhenç harasat topuldy. Daglarda gök gürrüldi sesleri, aşak gaçýan daşlaryň sesleri we aşak inýän gar harsaňlarynyň sesleri ýaňlanyp, çar tarapda eşidilýärdi. Ýyldyrym hem dyngysyz ýalpyldap, bar zady küle öwürýän ot dilleri ýaly ýerde ylgaýardylar.
Güýçli ýagyş ýagýardy, akymlar akyp, şemal turýardy we olar tä daş-töwerekde bar zat titreýän, yrgyldaýan we döwülýän ýaly bolup görünýänçä daglarda urulýardylar. Olaryň güýçli akymy gowagyň girelgisiniň üstündäki daşlardan akýardy we gowagy suwly diwar bilen doly ýapypdy. Emma biziň üç gahrymanymyzyň oturan ýeri bolan gowagyň içine bolsa, ýeke damja suw hem girmedi.
Harasat gutarmaklygyň deregine täzeden güýç alýan ýalydy. Haçanda olar öz gaçalgalarynda uzak wagtlap oturanlarynda, Wah-Gorkýan özüniň hemişe ýanynda göterýän deriden edilen haltajygyny goltugyndan çykardy. Ol bir ýerde kiçijik topbak edip, daşlary dökdi we olara syn edip başlady. Bu daşlar çeşmäniň boýunda Çopana öz ýüreginde şol tikeni oturtmaga rugsat beren pursadyndan başlap, tä şu wagta, ýagny özüniň harasatdan gizlenip, bu gowakda bükülip oturan wagtyna çenli bolan ýolda guran gurbanlyk sypalaryndan alnan ýadygärlik daşlarydy. Onda bu syýahata gitmeklige güýç beren wadany gurbanlyk getirmeklik tabşyrygyndan başga hiç zat galmandy.
Ol bu kiçijik daş topbagyna seretdi-de, gamgynlyk bilen öz-özüne: «Bulary zyňsammyka? Bularyň bary - şu ýere bolan ýolda onuň maňa beren biderek wadalary» diýdi. Onsoň ol buz ýaly doňan barmaklary bilen birinji daşy aldy-da, Çopanyň çeşme boýunda özüne aýdan ilkinji sözlerini gaýtalady: «Men seniň aýaklaryňy keýigiň aýaklary ýaly edip, belentlikleriňe çykararyn» (Hab. 3:19 ser.). Uzak wagtlap Wah-Gorkýan bu daşy elinde tutup, soňunda: «Meniň aýaklarym keýigiň aýaklary ýaly bolmady, emma men hatda özümiň arzuw etmedik belentliklerimde durun. Eger men şu ýerde — ýokarda öläýsem-de, näme parhy bar? Men bu daşy zyňmaryn» diýdi.
Oňsoň Wah-Gorkýan bu daşy haltajygyna yzyna salyp, indikisini aldy-da: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, oňa sen soň düşünersiň (Ýahýa 3:7)» diýip gaýtalady. Aglamjyrap ol: «Hiç bolmanda munuň birinji bölegi dogry, onuň ikinji böleginiň dogry ýa-da däldigini kim bilýär...? Ýok, men bu daşy zyňmaryn» diýdi.
Üçünji daşy alyp: «(Bu) ölüm üçin däl-de, Hudaýyň şöhraty üçindir» (Ýahýa 11:4) diýdi. «Ölüm üçin däl? — diýip gaýtalady. — Hatda ol: «Bu wadany ýakma gurbanlygy edip getir» diýen bolsa-da?» Ol daşy haltajygyna saldy-da, dördünji daşy aldy. «Ýok, döwekçi ony (bugdaýy) üznüksiz döwmeýär, arabasynyň tigri we atlary onuň üstünde aýlansa-da ony owratmaýar» (Işaýýa 28:28). Ol: «Men muny zyňyp bilmerin» diýdi-de, daşy ýerine goýdy we ol ýerden bäşinjini çykardy. «Men seniň bilen şu küýzegäriňki ýaly edip bilmerinmi?» (Ýir. 18:6). «Hawa» diýdi-de, Wah-Gorkýan daşy yzyna saldy.
Onsoň altynjy daşy alyp: «Eý, ynjalyksyzlyga düşüp-de, teselli tapmadyk muşakgatly, ine Men seniň daşlaryňy sürme daşynda goýup...» (Işaýýa 54:11) diýip gaýtalady. Ol sözüni dowam etdirip bilmän, agyjyp aglady. «Men bu daş bilen nädip hoşlaşyp bilerin» diýdi-de, daşy beýlekileriň ýanyna salyp, ýedinjisini çykardy. «Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar... olar Meniň yzyma düşýärler» (Ýahýa 10:27). «Şuny taşlamaly dälmikä? — diýip, Wah-Gorkýan özünden sorady. — Hakykatdan-da men onuň sesini eşitdimmi ýa-da bütin ýolda özümi aldaýanmy?»
Şonda ol Çopanyň bu sözleri aýdan pursadyndaky ýüzüni ýadyna saldy we daşy yzyna salyp: «Men muny saklaryn. Nädip men ondan dynyp bilerin?» diýdi. Onsoň sekizinjini çykardy. «...Meniň näme etjekdigimi indi görersiň...» (Çykyş 6:1)». Elýetmez gaýany we özüni onuň depesine Çopanyň eltenini ýatlap, ol daşy ýerine goýdy we dokuzynjy daşy çykardy. «Hudaý ýalan sözlär ýaly ynsan däl... Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüňiň bitmedik wagty barmy?» (Sanlar 23:19).
Sandyraýan Wah-Gorkýan elindäki şu daş bilen uzak wagtlap oturdy. Emma ahyrsoňy: «Men eýýäm oňa mümkin bolan ýeke-täk jogaby berip: «Eger sen meni aldamaklyga ukyply bolsaň, onda aldaý»diýdim» diýdi.
Onsoň ol buz ýaly sowuk daşy ýerine goýup, ol ýerden onunjyny çykardy. «Saga ýa sola gideniňizde gulaklaryňyz bir sesiň yzyňyzdan: «Ýol budur, ondan ýöräň» diýenini eşidersiňiz» (Işaýa 30:21). Bulary aýdanynda onuň bütin teni tikenekläp gitdi, emma sözüni dowam etdirip: «Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň adymy inkär etmediň... Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla» (Ylham 3:8,11) diýdi.
Onunjy daşy yzyna salyp, birnäçe wagtlap dymyp duranyndan soň Wah-Gorkýan gowakda oturan ýerindäki ýerden kiçijik bir owadan bolmadyk daşy aldy-da, beýlekileriň ýanyna salyp: «Ine, Ol meni öldürer, men (bolsa) Oňa garaşaryn» (Eýýup 13:15) diýdi. Wah-Gorkýan haltajygyny daňdy-da: «Eger hemmeler bu daşlaryň hiç zatdygyny tassyklaýan hem bolsalar, men bulary zyňmaryn» diýdi.
Gaýgy bilen Ejir Wah-Gorkýanyň ýanynda oturyp, onuň bu topbakdaky kiçijik daşlary birin-birin elleýşini üns berip synlaýardylar. Olaryň ikisi-de geň bir gülki bilen gülüp, bilelikde ýeňillik we minnetdarlyk bilen: «Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy» (Matta 7:25) diýdiler.
Ine-de ýagyş dyndy. Suw akymlary gaýalardan inmeýärdiler. Diňe ýeňil ümür galypdy. Uzaklarda daşlaşyp barýan gök gürrüldisi we harasat sesleri çalaja eşidilýärdi. Gowakdan seredip, olar aşakdan bir ýerlerden, ýeňil ümür arasyndan guşuň inçejik, saýraýan sesiniň gelýändigini eşitdiler. Belki bu şol Belentlikleriň etegindäki öl tokaýdaky guşjagazyň doganydyr:
Haçanda bu arassa we aýdyň sesler olara baryp ýetenlerinde, Wah-Gorkýanyň ýüregindäki buzuň sowuk gatlady döwlüp, ýuwaşlyk bilen eredi. Kiçijik çopanjyk sandyrap, daşly haltajygy elleri bilen berk gysdy. Onuň hyýalynda edil bu haltajykda gymmatbaha baýlyk bar ýalydy we näme üçindir özüni olary eýýäm ýitiren ýaly duýýardy. Onsoň ol öz ýoldaşlaryna: «Harasat köşeşdi. Indi biz ýolumyzy dowam etdirip bileris» diýdi.
Şu ýerden başlap ýol birden dag eteklerinden ýokary tarap öwrüldi. Ol gaty göni we kertdi welin, Wah-Gorkýan emedekläp zordan ýöreýärdi. Ol hemişe özüniň näçe ýokary galdygyça, şonça-da Belentliklere ýakyn boljakdygyna we özüniň güýçli bolup, büdremejekdigine umyt baglaýardy. Emma bary tersine bolup çykdy.
Näçe ýokary galdygyça, şonça-da özüniň güýçsüzligini duýup başlady. Näçe güýçsüz boldugyça, şonça-da kän büdreýärdi. Öz ýoldaşlary üçin bolsa, munuň tersinedigine ol çalaja düşünýärdi. Olar näçe ýokary galdyklaryça, şonça-da güýçli we şadyýan bolýan ýalydylar. Olaryň şeýledikleri gaty gowudy, çünki Wah-Gorkýan şeýle bir güýçden gaçypdy welin, kämahallar ýoldaşlary ony göterip gidýärdiler. Şu sebäpli hem olar gaty haýal ýöreýärdiler.
Ikinji gün olar dag etekleriniň tekizräk ýerine bardylar. Şu ýerde bir kiçijik çeşmejik peýda bolup, ol şarlawuk bolup aşak akýardy. Haçanda olar şu ýerde düşlemekligi çözenlerinde, Wah-Gorkýan Sesiň: «Şu ýol boýundaky çeşmeden iç we güýjüňi täzele» diýenini eşitdi.
Wah-Gorkýan daşlaryň arasynda köpürjikleýän çeşmä egilip, agzyny suwdan doldurdy. Emma haçanda ol bu suwy ýuwdanynda, onuň ýakyp barýan ajydygyny duýup, yzyna gaýtardy. Çeşme boýunda dyza çöküp durşuna Wah-Gorkýan agzy bilen howany tutýardy. Onsoň ol örän ýuwaşlyk bilen: «Taňrym, içmäge islegim bolany bilen men bu käseden içip bilmeýän» diýdi.
«Bu çeşmäniň ýanynda bir agaç ösýändir, — diýip, Ses jogap berdi. — Onuň bir şahasyny döwüp al-da, suwa taşla we ol süýji bolar».
Wah-Gorkýan töweregine göz aýlap, kiçijik tikenekli agajy gördi. Ol onuň bary-ýogy iki sany şahasynyň bardygyna üns berdi. Onuň şahalary uzyn hem-de ýiti tikenler bilen örtülendi.
Ejir agaja ýakynlaşyp, onuň şahasyndan bir bölek döwüp aldy-da, Wah-Gorkýana getirip berdi, ol bolsa ony suwa oklady. Onsoň ýene-de suw içjek bolup aşak egildi. Bu gezek ýakyp barýan ajy ýokdy. Suwuň süýji bolmandygyna seretmezden, Wah-Gorkýan ondan içip bilýärdi. Ol suwdan içip doýdy we bu suwuň sagaldýan täsiriniň bardygyna göz ýetirdi, çünki Wah-Gorkýan ondan içen badyna özüniň güýçden dolandygyny duýdy. Şol çeşmäniň boýunda ol özüniň soňky, on ikinji daşyny alyp, haltajygyna saldy.
Şondan soň biziň ýolagçylarymyz biraz dynçlaryny alyp, ýollaryny dowam etdirip bildiler. Birnäçe wagtlap Wah-Gorkýan özüni güýçli duýdy we ýoluň ýene-de kert bolandygyna seretmezden, ol özüni öňküsi ýaly güýçsüz we argyn duýmaýardy. Bu gaty rahatlandyryjydy, çünki şu wagt onuň ýüreginde diňe bir isleg bardy — güýji gutarmanka bellenen ýere baryp, özüne berlen tabşyrygy ýerine ýetirmeklik. Üçülenji güni syýahatçylar «gözlerini daglara aýlap, uzak ýerleri gördüler» — beýik gaýany we şarlawugy. Daşly ýol bilen ümür boýunça ýollaryny ýokary dowam etdirip, bellenen ýere günortan ýetdiler.
On altynjy bap
Dagdaky mazar
Öz ugradyjylaryna seredip, ol ýuwaşja sorady: «Biz indi näme etmeli? Biz beýleki tarapa bökjekläp bilerismi?»
«Ýok, bu mümkin däl» diýip olar jogap berdiler.
«Onda biz näme etmeli?» diýip Wah-Gorkýan sorady.
«Biz özümizi aşak, jülgä oklamaly» diýlen jogap eşidildi.
«Elbetde, — diýip Wah-Gorkýan ylalaşdy, — men ilki düşünmedim, emma biz hut şeýle etmelidiris».
Onsoň bütin syýahatda iň soňky gezek (ýöne şol pursat ol muny bilmeýärdi) Wah-Gorkýan ýoldaşlarynyň kömek etmekleri üçin ellerini olara uzatdy. Şu wagt Wah-Gorkýan şeýle bir argyn we güýçsüzdi welin, ýoldaşlary onuň elinden tutman, olar onuň goltugyndan tutup, onuň ähli agramyny öz üstlerine ýüklediler. Şeýdip, Gaýgy we Ejir bilen gollandyrylan Wah-Gorkýan bu garalyp görünýän mazara özüni oklady.
Olaryň özlerini oklan ýerleri örän çuňdy. Eger Wah-Gorkýanyň ýeke özi bolan bolsady, onda ol hökman ejir çekerdi. Onuň ýoldaşlary şeýle bir güýçlüdiler welin, hatda bu böküş olara hiç hili zyýan hem getirmedi. Olar şeýle ýeňillik bilen Wah-Gorkýany iki tarapyndan goldap, ýere gondular welin, hatda ol azajyk gögertmeden başga hiç hili ejir-de çekmedi. Jülgäniň goýy ümürden doludygy sebäpli ol ýerde hiç zat görnenokdy. Şonuň üçin olar haýallyk bilen sermeläp öňe ýöreýärdiler. Birden olaryň öňlerinde tekiz we süýri daşyň anyk bolmadyk sudury peýda boldy. Ýakynlaşyp, olar munuň özboluşly daşly gurbanlyk sypasydygyna göz ýetirdiler. Onuň arkasynda kimdir biri durdy: çala görünýän keşp.
«Bu şol ýer, — diýip, Wah-Gorkýan ýuwaşja aýtdy. — Şu ýerde men öz gurbanlygymy getirmeli». Ol sypa ýakynlaşdy we dyzyna çökdi. Ümür arasynda ol ýuwaşlyk bilen: «Taňrym, sen häzir meniň ýanyma gelip, özüňiň tabşyryşyň ýaly ýakma gurbanlygyny getirmäge kömek edersiňmi?» diýdi.
Emma şu sapar bütin syýahat döwründe birinji gezek jogap bolmady — hiç hili jogap ýokdy we Çopan hem peýda bolmady.
Sowuk we şepbeşik ümürli kölegeler jülgesindäki bu taşlanan sypanyň ýanynda Wah-Gorkýanyň ýeke özi dyzyna çöküp durdy. Heniz özüniň Ýekelik derýasynyň kenarlarynda wagtyndaky Hasratyň aýdan sözleri onuň ýadyna düşdi: «Iru-giç ol seni daglaryň adamsyz ýerlerine eltip, seni haýsydyr bir ölüme berer we şol ýerde taşlar».
Hasratyň doly bolmasa-da, biraz dogrudygy hakynda Wah-Gorkýan oýlandy. Nähili geň bolýandygyna seretmezden, taşlanan we şu elhenç ýagdaýda goragdan mahrum bolan Wah-Gorkýan sypanyň ýanynda dyza çökende, hiç bir sesiň ýa-da onuň duşmanlarynyň bardygyna meňzemeýärdi.
Mazar Belentlikleriň serhedinde, gaty ýokarlarda ýerleşendi we Tekepbirlik, Hasrat, Öýke, Özüne-haýpy-gelmeklik, hatda Gorkak üçin hem elýeter däldi. Wah-Gorkýan edil başga dünýäde ýalydy, çünki onuň duşmanlary hiç haçan hem bu mazara özlerini oklap bilmezdiler. Wah-Gorkýan şol ýerde dyza çöküp ne umytsyzlygy, ne-de umydyň bardygyny duýýardy. Ol häzir asmandan perişde gelip, bu gurbanlygyň getirilmeli däldigini aýtmajakdygyny anyk bilýärdi we bu bilim onda ne gorkuny, ne-de ýerine ýetirmezlik islegini döredipdi.
Ol beýik we çuňňur ümsümlikden we ýeke islegden — özüne tabşyrylany ýerine ýetirmeklikden başga hiç zady duýanokdy. Ýöne onuň muny haýyş edeni üçin.
Gowakda onuň ýüregini dolduran ýekeligiň sowuk we düşnüksiz täsiri indi doly ýitipdi. Ol ýerde diňe bir ot ýanýardy —
onuň erkini ýerine ýetirmeklik isleginiň ody. Galan zatlaryň bary ölüp, küle öwrülipdi.
Biraz garaşanyndan soň (ol henizem gelenokdy) WahGorkýan elini uzatdy we erkiniň iň soňky güýji bilen tebigy adam söýgüsine bolan islege ýapyşyp, ony goparyp taşlamaga synanyşdy. Birinji gezek elini degireninde ol jepa berýän agyrynyň özüniň her bir öýjügine täsir edýändigini duýdy. Wah-Gorkýan bu kökleriň ösüp, özüniň bütin durkuny doldurandyklaryna düşündi. Olary goparjak bolup bar güýjüni ulanansa-da, ýekeje-de kök ýerinden gozganmady.
Şu ýerde ol ilkinji gezek gorky ýa-da aljyraňňylyga meňzeş zady duýdy. Wah-Gorkýan Çopanyň aýdanyny ýerine ýetirmäge ukyply däldi. Ahyrynda gurbanlyk sypasyna ýakynlaşyp, Wah-Gorkýan onuň erkine boýun bolmaklyga özünde güýç tapanokdy. Bu syýahat döwründe özüniň ýoldaşlary we kömekçileri bolanlara öwrülip, Wah-Gorkýan özüniň başaryp bilmedik işine, ýagny öz ýüreginden bu şinäni goparmaga kömek etmeklerini haýyş etdi. Emma ilkinji gezek Ejir we Gaýgy kömek etjek däldiklerini bildirip, başyny yradylar.
«Biz seniň üçin elimizden gelenini etdik, — diýip, jogap berdiler. — Emma muny biz başaryp bilmeris».
Şu pursatda gurbanlyk sypasynyň arkasynda duran näbelli keşp öňe ädimläp, ýuwaşja: «Men bu ýeriniň ruhanysy. Eger isleseň, onda men muny seniň ýüregiňden çykararyn» diýdi.
Wah-Gorkýan derrew oňa seretdi. Onsoň: «Sag bol! Haýyş edýän, kömek et!» diýdi.
Ol Wah-Gorkýana ýakynlaşyp, onuň ýanynda durdy. Ümürde onuň ýüzüni görmek gaty kyndy. Wah-Gorkýan haýyşyny dowam etdirip: «Men şeýle bir gorkak! Agyry meni saňa garşy çykmaga mejbur eder öýdüp gorkýan. Gymyldap bilmezligim üçin sen meni bir zat edip sypa daňyp bilmersiňmi? Taňrymyň erki amala aşýarka, men oňa garşy bolmaklygy islemeýän» diýdi.
Birnäçe wagtlap ümür bilen örtülen jülgede doly ümsümlik höküm sürdi. Onsoň ruhany jogap berip: «Gaty gowy aýtdyň. Men seni gurbanlyk sypasyna daňaryn» diýdi. Ol onuň ellerini we aýaklaryny daňdy.
Ruhany sözüni gutaranyndan soň Wah-Gorkýan hiç-de görünmeýän Belentliklere öwrülip, ýuwaşja şeýle diýdi: «Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» (Rut 1:17).
Henizem ümsümlik, mazardaky ýaly ümsümlik durdy. Hakykatdan-da, Wah-Gorkýan wada berlen keýik aýaklaryna eýe bolman we henizem Belentliklerde bolman ol öz umytlarynyň mazaryndady. Galyberse-de, özüne berlen bu wadany-da gurbanlyk sypasyna goýmalydy. Ine, bu uzak we azaply syýahat ony nirä getirdi! Özüni Belentliklere ýola düşmeklige yran bu şöhratly wadany gurbanlyk sypasyna goýmazyndan ozal, Wah-Gorkýan iň soňky gezek ony gaýtalady: «Reb Hudaý meniň kuwwatymdyr; Ol aýaklarymy keýigiň aýaklary ýaly edip, meni belent ýerlerimde gezdirer» (Habb. 3:19).
Ruhany özüniň polat ellerini onuň göni ýüregine sokdy. Kesilýän we dilinýän bir zadyň sesi geldi we özüniň sansyz-sajaksyz kökleri we damarlary bilen adam söýgüsi daşary çykdy.
Ruhany ony elinde saklap: «Hawa, aýryp taşlamaklyk üçin ol eýýäm bişipdir, onuň wagty gelipdir. Ýekeje-de kök üzülip galmady» diýdi.
Muny aýdanyndan soň ruhany şol ynsan söýgüsini gurbanlyk sypasyna taşlady we onuň üstüne elini goýdy. Şol bada ot peýda boldy. Ol edil sypany ikä bölen ýalydy. Şondan soň Wah-Gorkýanyň ýüreginiň töründe oturdylan ne söýgüden, ne-de bu geň syýahatda onuň ýoldaşlary bolan gaýgy bilen ejirden külden başga hiç zat galmady. Wah-Gorkýany bütinleý rahatlyk we parahatlyk duýgulary doldurdy. Ahyrsoňy gurbanlyk getirildi we indi hiç zat etmegiň geregi ýok. Ruhany onuň el-aýaklaryny boşadanyndan soň, Wah-Gorkýan gurbanlyk sypasyna egilip, minnetdarlyk bilen: «Hemmesi berjaý boldy» diýdi.
Onsoň ol bütinleý güýçden gaçyp, uka batdy.
IKINJI BÖLÜM
«...Ýöne ertir şatlyk geler»
On ýedinji bap
Şypa beriji çeşmeler
Içine gün şöhleleri düşüp duran daşly gowak ýylydy, asudady we süýji hoşboý yslardan doludy. Bu yslaryň özüniň üstüne ýapylan örtgüden gelýändigine Wah-Gorkýan ýuwaş-ýuwaşdan düşünip başlady. Ol üstünden örtgüni aýryp oturdy-da, daş-töweregine seredişdirdi. Şonda ol özi bilen bolanlaryň baryny ýadyna saldy: ol özüniň iki ýoldaşy bilen daglaryň ýokarsyndaky ümürli jülgä barypdy. Onsoň gurbanlyk sypasynda ruhany onuň ýüreginden ynsan söýgüsiniň gülüni goparyp, ony ýakypdy. Bu barada ýatlanda, Wah-Gorkýan döşüne seretdi we onuň hoşboý ysly mata bilen örtülendigini gördi. Hut şu matanyň hoşboý yslary bütin gowagy süýji yslar bilen doldurýardy. Ol bilesigelijilik bilen matany göterdi we ýaranyň hiç hili yzynyň galmandygyna haýran galdy. Hiç hili şikes ýokdy; hiç ýeri agyrmaýardy we azar berýän zat ýokdy.
Ýuwaşja ýerinden turup, Wah-Gorkýan daşa çykdy. Biraz saklanyp, daş-töwerege göz aýlady. Hiç zat görünmeýän goýy ümür bilen örtülen jülge indi günüň altyn şöhleleri bilen doldurylandy. Asmandaky ýyldyzlar kimin daş-töwerekde kiçijik ak güller bilen bezelen ýaş we gök otlar ösýärdiler. Gaýalaryň boýlary her dürli owadan ysly güller bilen örtülendi. Olaryň bary çyg zerarly ýalpyldaýarlar.
Gowagyň ýanynda, jülgäniň ortasynda Wah-Gorkýanyň baglanan süýri daşly gurbanlyk sypasy durdy. Emma indi günüň ýagtysynda ol bu sypanyň ösüp duran güller bilen örtülendigini gördi.
Otlardaky çygy ýere gaçyryp, kiçijik guşjagazlar kä aňyrda, käte bärde bökjekleýärdiler we şatlyk bilen saýrap, özleriniň ýeleklerini arassalaýardylar.
Olaryň biri gurbanlyk sypasynyň üstünde durup, sesli we şatlykly saýraýardy. Emma iň ajaýyp we täsin bolan zat — bu daşly sypanyň aşagyndan beýik «dury suwly derýajygyň» akmagydy. Ol daşlaryň üstünde başgançak ýaly bolup, jülge boýunça tä gaýadaky giň çykyda çenli akýardy we ol ýerden şatlykly ses bilen aşak inýärdi. Wah-Gorkýan beýik şarlawugyň gözbaşynda durdy. Indi ol bu şarlawugyň gözbaşyny ruhanynyň özüni baglan gurbanlyk sypasyndan alýandygyny bilýärdi.
Ýene birnäçe wagtlap Wah-Gorkýan daş-töweregine seredişdirdi. Söz bilen düşündirip bolmaýan şatlyk zerarly onuň ýüregi döşünden atylyp çykjak ýaly bolýardy. Beýan edip bolmaýan ajaýyp dünýä ony gurşap alan ýalydy. Jülgede onuň ýeke özüdi. Ne ruhany, ne-de onuň ýoldaşlary bolan Ejir bilen Gaýgy görünýärdiler. Jülgede özünden başga dem alyp, hereketlenýän diňe kiçijik saýraýan guşlar we gülleriň arasynda uçup ýörän kebelekler bardylar. Ýokarlarda bulutsyz asman gögerip durdy we Belentlikleriň ak garly depeleri gözüňi gamaşdyryp, ýalpyldaýardylar.
Täze ýagdaýa öwrenişen Wah-Gorkýan ilki bilen gurbanlyk sypasynyň aşagyndan akyp duran derýajyga ýakynlaşdy. Derýajyk gaty özüneçekijidi we şol sebäpli hem Wah-Gorkýan oňa tarap ýöredi. Kenaryň boýuna baryp, Wah-Gorkýan aşak egildi we dury suwa elini sokdy. Suw doň ýalydy we Wah-Gorkýan bütin teni bilen şatlyk titremesini we ýeňilje tikeneklemäni duýdy. Sähelçe-de haýal etmän, ol özüniň ak zygyrly eşigini çykardy-da, suwa girdi. Şu wagta çenli hiç haçan ol şunuň ýaly ajaýyp zady başdan geçirmändi. Bu ýaşaýyş çeşmesiniň akymyna özüňi oklan ýalydy. Ahyrsoňy ol suwdan çykanda, derrew gurady we kellesinden aýagyna çenli kämil saglyk we asudalyk duýgusyndan doldy.
Suwuň ýaşyl otly kenarynda durup, ol tötänden aşak seretdi we aýaklarynyň eýýäm egri we betnyşan däl-de, göni, owadan we ýaşyl otlar saýasynda ap-ak ýalpyldap durandyklaryna geň galyp seretdi.
Şonda Wah-Gorkýan Çopanyň Belentliklerden akýan çeşmeleriň şypa berijidikleri barada aýdanlaryny ýadyna saldy. Süýji tolgunmadan titräp, ol suwa gaýdyp bardy-da, bu dury suwa kellesini batyrdy we ýüzüni ýuwdy. Onsoň ol daşlaryň arasynda ýuwaş we aýna ýaly tekiz kiçijik aýlagy tapdy. Suwuň boýunda durup, aşak egildi we öz şekilini anyk gördi. Dogrudanam, betnyşan we egri bolan agyz ýogalypdy, ýüzi bolsa çaganyňky ýaly arassa we mylaýymdy.
Şondan soň ol jülgede aýlanmaga gitdi we dag eteklerinde ýabany tokaý miweleriniň bardygyna üns berdi. Wah-Gorkýan bu miweleriň bir owujynyň hakyky günortanlyk nahary ýaly doýrup, güýç berýändigine göz ýetirdi.
Onsoň ol derýajygyň aşak inýän ýerindäki gaýanyň gyrasyna bardy. Ol güýçli akym bilen aşak inýän suwa syn edip, şol ýerde birnäçe wagtlap durdy. Onuň şagalaňly şatlygynyň sesi beýleki ähli sesleri basýardy. Ol suwuň ýüzünde gün şöhleleriniň oýnaýandyklaryna syn etdi. Aşakda, uzaklarda bolsa ol bir wagt Çopan bilen şarlawuk boýunda duşuşan ýerleri bolan ýaşyl çemenlikleri görýärdi. Wah-Gorkýan özüne rahatlygyň gelendigi, ýekelik we garaşmaklyk duýgularynyň bolsa ýitendigini duýdy.
Ol geljek barada hiç aladalanmaýardy. Daglaryň ýokarlaryndaky bu ýuwaş jülgede bolýandygy onuň üçin ýeterlikdi. Onuň ýanyndan ýaşaýyş derýasy akýardy we Wah-Gorkýan uzak syýahatdan soň dynç alyp, güýjüni täzeläp bilerdi. Tizara ol otly kenarda ýatdy we uka batdy. Ukudan turup, ol ýene-de derýa suwa düşdi. Şeýdip, bu uzyn we ýuwaş gün edil süýji düýş ýaly geçdi. Wah-Gorkýan dynç alýardy, suwa düşýärdi, miweler bilen iýmitlenip, ýene-de uklaýardy.
Ahyrsoňy kölegeler uzalyp, günbatarda gün ýaşanda, Wah-Gorkýan gowaga gaýdyp gelip, hoşboý ysly örtgüleriň arasynda ýatdy we ruhanynyň birinji gije ýatyryşyndaky ýaly süýji uka batdy.
On sekizinji bap
Keýigiň aýaklary
Heniz Wah-Gorkýan çykalga gözläp, kellesini döwýärkä, ýakynda ýaşyl otlaryň arasyndan bir keýik peýda boldy, onuň ýanynda urkaçy keýik hem bardy. Bu edil Şikes gaýasynyň etegindäki ýaly boldy. Heniz Wah-Gorkýan synlaýarka, keýik çaltlyk bilen daşly gurbanlyk sypasyna bökjekledi, ol ýerden bolsa, ullakan bir towusma bilen jülgäniň ahyryndaky gaýanyň çykydyna ýetdi. Onsoň ol bökjekläp, kert gaýa boýunça ýokary galyp başlady. Urkaçy keýik bolsa, onuň yzy bilen ýöreýärdi.
Wah-Gorkýan sähelçe wagt hem ikirjiňlenmedi. Göz ýumup açasy salymda ol eýýäm daşly sypadady, indiki pursat içinde bolsa ol hem gaýanyň çykydyna barypdy. Onsoň keýiklerden galmajak bolup, aşa joşgunlylyk halynda towsup we bökjekläp, Wah-Gorkýan gaýa boýunça ýokary galyp başlady. Öňde edil kümüşden edilen kiçijik çekiçler ýaly keýik toýnaklary daşlara urulýardy.
Gysga wagt içinde olaryň üçüsi-de eýýäm jülgäniň ýokarsyndadylar. Wah-Gorkýan çakylygyň gelýän ýeri bolan depä tarap dagyň ýapgydy boýunça bökjekleýärdi. Heniz Wah-Gorkýan şadyýanlyk bilen daşlardan daşlara bökjekläp towusýarka, daglaryň arkasyndan günüň ilkinji şöhleleri göründi. Özüniň adyny tutup Çagyrýan şol ýerdedi, ýagny depededi we dogup barýan günüň şöhlelerinde ol güýçli, beýik we ajaýyp görünýärdi. Ol Wah-Gorkýana elini uzadyp, ony çagyrdy we keýp edip gülüp: «Seniň aýaklaryň keýigiňki ýalymy?! Meniň ýanyma towus!» diýdi.
Ol iň soňky towusmany ýerine ýetirip, onuň elinden tutdy we iň beýik depede onuň ýanynda saklandy. Olaryň çar tarapynda edil diňler kimin depeleri bulutlarda ýitip gidýän garly daglar bardy. Ol patyşa täjini we lybasyny geýipdi. Wah-Gorkýan öň özüni Belentliklere eltip, altyndan edilen Söýgi gurbanlygynyň ýanyp duran közi bilen ýakynlaşanynda, onuň edil şeýledigini görüpdi. Emma şonda onuň ýüzi özüniň bütin beýikliginde we dabaralylygynda hyrsyzdy. Indi ol şatlyk bilen yşyklanýardy.
«Ahyry, — diýip, ol özüniň öňünde Wah-Gorkýanyň dyza çökeninden soň aýtdy, — ahyry sen şu ýerde, „agşam agysy geçip, ertirine şatlyk geldi“» diýdi. Onsoň ol Wah-Gorkýany elinde göterip: «Saňa wada berlenleri almaly wagtyň ýetip geldi. Indi mundan beýläk men saňa hiç haçan Wah-Gorkýan diýip ýüzlenmerin» diýdi. Bulary aýdyndan soň güldi-de: «Men oňa täze at, onuň Hudaýynyň adyny dakaryn. «Reb Hudaý gündir, galkandyr; Reb merhemet we şöhrat berer; Ol göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmaz» (Mezmur 84:11)» diýdi.
«Ine seniň täze adyň, — diýip ol aýtdy. — Şu günden başlap sen Merhemet-we-Şöhrat bolarsyň».
Şatlykdan, minnetdarlykdan, hormatdan we geň galmakdan doňup galan Wah-Gorkýan henizem ýekeje-de söz aýdyp bilenokdy.
Onsoň ol sözüni dowam etdirip: «Indi bolsa — Söýgi güli we onuň güllän pursadynda jogap edip seni söýjekdikleri wadasy barasynda» diýdi.
Merhemet-we-Şöhrat ilkinji gezek gepledi.
«Meniň Taňrym we Patyşam, — diýip, ol ýuwaş aýtdy, — meniň ýüregimde Söýgi güli ösmeýär — o taýda ol ýok. Ol seniň tabşyryşyň boýunça gurbanlyk sypasynda ýakylyp, küle öwrüldi».
«Söýgi güli ýok? — diýip gaýtalady-da, ol şeýle bir mähirli we şatlykly güldi welin, hatda Merhemet-we-Şöhradyň göwnüne degen ýalydy. — Bu gaty geň, Merhemet-we-Şöhrat. Onda sen nädip bu ýere düşdüň? Sen Belentliklerde, Söýgi Şalygynyň hut özünde dursuň. Ýüregiňi aç, hany seredeliň, ol ýerde näme barka?»
Onuň sözi boýunça Merhemet-we-Şöhrat ýüregini açdy we olaryň töweregindäki howa derrew süýji hoşboý yslardan doldy. Onuň ýüreginde bir ösümlik bardy, ýöne onuň ap-ak güller bilen bütinleý örtüleni üçin bu ösümligiň görnüşine syn edip bolmaýardy. Hut şol ap-ak güllerden şeýle hoşboý yslar gelýärdi.
Merhemet-we-Şöhrat geň galmakdan we minnetdarlykdan ýeňillik bilen demini aldy. «Taňrym we Patyşam, ol nädip peýda boldy» diýip sorady.
«Meniň özüm ony oturdypdym ahyryn, — diýip, onuň gülýän sesi jogap berdi. — Ýadyňdadygyna men ynanýan: aşakda, Kemsitme jülgesiniň sürüleri suwa ýakýan howdanyň boýunda, meniň bilen Belentliklere gitmekligi wada beren günüňdi. Bu tiken görnüşli tohumdan ösen gül».
«Taňrym, onda meniň gurbanlyk sypasyna daňylgy pursadymdaky ruhanynyň ýüregimden goparyp alany nähili ösümlik?»
«Merhemet-we-Şöhrat, howdanyň boýunda öz ýüregiňe seredeniň ýadyňdamy? Ol ýerde hiç-de meniň Söýgümiň ýokdugyny görüpdiň. Ol ýerde diňe Söýülmeklige-bolan-küýseg atly ösümlik bardy».
Ol oýlanyp, başyny yrady.
«Seniň ýüregiňden goparyp alanym — bu tebigy ynsan söýgüsi. Hakyky Söýgüniň ösüp, seniň ýüregiňi doly dolduryp bilmekligi üçin ony bütinleý goparyp taşlamaklygyň wagty gelipdi».
«Ony sen gopardyňmy! — diýip, Merhemet-we-Şöhrat haýallyk we geň galmaklyk bilen aýtdy. — Eý Taňrym we Patyşam, diýmek şol ruhany sen ekeniň-dä? Sen ol ýerde hemişe bolduňmy? Hatda meni taşladyň diýip oýlananymda-da, sen meniň ýanymdadyňmy?»
Onsoň Merhemet-we-Şöhrat onuň ellerini öz ellerine goýdy we olaryň tiken görnüşli ýara yzlary bilen örtülendigini gördi. Polat ýaly berk ellerdi. Bu eller Merhemet-we-Şöhradyň ähli agyrylarynyň sebäbi bolan söýgüni goparypdy. Merhemet-we-Şöhrat bu elleri ogşap, olary şatlyk gözýaşlary bilen ýuwdy.
«Indi bolsa — diýip, ol sözüni dowam etdirdi, — ýüregiňdäki Söýgüniň gülläninde sen ýene-de söýülersiň diýen wadam barasynda». Ol Merhemet-we-Şöhradyň elinden tutup: «Ine, Men öz söýgümi saňa eçdim, sen meniňki... Hawa, «Men seni ebedi söýgi bilen söýdüm; munuň üçin seni mähribanlyk bilen özüme çekdim» (Ýir. 31:3)» diýdi. Şondan soň ol: «Merhemet-we-Şöhrat, ýoluňda ýygnan ýadygärlikli daşly haltajygyňy maňa ber» diýdi.
Ol haltajygyny çykaryp, oňa uzatdy. Oňsoň ol Merhemet-we-Şöhradyň elini uzatmaklygyny üm bilen buýurdy. Onuň aýdyşy ýaly edeninde, Patyşa haltajygyny açdy-da, onuň içindäkileri Merhemet-we-Şöhradyň eliniň aýasyna dökdi. Ol şatlykdan geňirginip, ah çekdi. Özüniň ýolda ýygnan ýönekeý, görnüşleri owadan bolmadyk daşlaryň deregine özüniň elinde örän gymmatbaha we ajaýyp daşlaryň bir topbagy ýalpyldaýardy. Bu gözüňi gamaşdyrýan daşlaryň ýalpyldysynda Merhemet-we-Şöhrat onuň elindäki arassa altyndan edilen halka gözi düşdi.
Ol: «Eý ynjalyksyzlyga düşüp-de, teselli tapmadyk muşakgatly, ine Men seniň daşlaryňy sürme daşynda goýup, düýbüňi gök ýakutlar bilen tutaryn» diýdi.
Ilki bilen ol Merhemet-we-Şöhradyň elinden iň uly we owadan bolan, mawy asman ýaly ýalpyldaýan ýakut daşyny alyp, ony altyn halkanyň ortasynda goýdy. Onsoň ol ýanyp duran gyrmyzy reňkli lagyl daşyny alyp, ýakut daşynyň bir tarapynda ýerleşdirdi, beýleki tarapynda bolsa, zümerret daşyny goýdy. Onsoň ol beýleki ähli on iki daşy hem alyp, olardan täç ýasady-da, ony Merhemet-we-Şöhradyň kellesine geýdirdi.
Şu pursatda Merhemet-we-Şöhrat özüniň harasatdan gizlenen gowagyny ýadyna saldy. Ol bu daşlary gerek däl öýdüp, tas zyňypdy. Indi bolsa olar özüniň kellesindäki ýalpyldap duran täçdediler. Şeýle-de ol şol wagtda özüni saklan sözleri ýadyna saldy: «Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla». Eger onuň wadalaryna şübhelenip, Merhemet-we-Şöhrat bu daşlary gerek däl diýip zyňan bolsady! Onuň erkine boýun bolmaklykdan boýun gaçyran bolsady! Onda häzir şöhrata we alkyşa eltýän hiç hili gymmatbaha daşlar hem bolmazdy, täji hem geýmezdi.
Özüni bütin ýolda onuň alyp baran, öwreden we goran söýgüsine, mährine we sabyrlylygyna büdreýän biçäre Wah-Gorkýan haýran galýardy. Hut şular onuň yza dönmekligine ýol bermändiler, indi bolsa hut şular onuň ähli synaglaryny şöhrada öwürdiler. Merhemet-we-Şöhrat onuň ýene-de geplänini eşitdi we onuň ýylgyrşy öňküsinden-de şatlyklydy.
«Diňle, eý gyz, seret, gulak sal: öz halkyňy we ataň öýüni unut. Patyşa seniň gözelligiňi arzuw eder, çünki Ol seniň Baýaryňdyr, Oňa sežde et... Patyşa gyzy içerde örän şöwketlidir, onuň eginbaşy altyndan dokalandyr. Ol keşdelenen eginbaşda patyşanyň ýanyna getiriler, onuň joralary, yzyndan gelýän gyzlar Seniň ýanyňa eltiler. Olar begenç we şatlyk bilen getirilip, patyşanyň köşgüne girerler» (Mezmur 45:10,11, 13-15). Onsoň ol sözüni dowam etdirip: «Merhemet-we-Şöhrat, indi sen meniň bilen bile şu ýerde — Belentliklerde ýaşajakdygyň, hemme ýerde bile gezjekdigiň we aşakdaky jülgede işleşjekdigiň üçin saňa işdeşleriň we hyzmatkärleriň gerek bolar we men olary hut şu wagtyň özünde seniň ýanyňa getirerin» diýdi.
Bu sözlerden soň Merhemet-we-Şöhrat gözýaşlary bilen oňa seretdi, çünki ol özüniň öňki ynamly ýoldaşlary bolan Gaýgyny we Ejiri ýadyna saldy. Hut olaryň kömegi, mähirliligi we sabyrlylygy bilen ol Belentliklere çykyp bilipdi. Bütin şu wagtyň içinde — heniz öz Patyşasy bilen bolýarka, özüniň täze adyny alyp, şatlyk we şöhrat täjini geýýärkä, ol hemişe öz ýoldaşlary barada oýlanýardy. Olaryň şu wagt özi bilen bolmaklaryny uly küýseg bilen isleýärdi. Näme üçin bularyň bary onuň ýeke özüne berilmeli? Joralay hem şol ýoly geçip, oňa kömek etdiler, ähli synaglary we duşmanyň hüjümlerini ýeňip geçdiler.
Indi Merhemet-we-Şöhrat şu ýerdedi, olar bolsa — ýok. Onuň ilkibaşda beren ýoldaşlarynyň mundan beýläk hem özi bilen bolmaklary baradaky ilkinji haýyşyny öz Hojaýynyna aýtjak bolup, Merhemet-we-Şöhrat eýýäm agzyny açjak bolýardy. Ýöne heniz ol gepläp ýetişmänkä, Patyşa şol öňki mähirli ýylgyrşy bilen: «Ine, Merhemet-we-Şöhrat, seniň üçin häzirlikçe we ömürlik saýlan hyzmatkärlerim» diýdi.
Ýalpyldap şöhle saçyp duran iki sany keşp öňe çykdy. Olaryň ap-ak geýimleri ertiriň gününiň yşygynda gaty ýalpyldaýardy we şol sebäpli hem olaryň görnüşleri gözüňi gamaşdyrýardy. Olar Merhemet-we-Şöhratdan güýçli we beýikdiler, emma olaryň ýüzleriniň owadanlygy we gözlerindäki ýanyp duran söýgi onuň ýüregini eretdi. Ol şatlykdan we haýran galmadan ýaňa titreýärdi. Olar şadyýan ýüzleri bilen onuň ýanyna geldiler, emma ýekeje-de söz aýtmadylar. «Siz kim? — diýip, Merhemet-we-Şöhrat sorady. — Siz maňa adyňyzyň kimdigini aýdarsyňyzmy?»
Jogabyň ýerine olar bir-birlerine ýylgyryp, edil Merhemet-we-Şöhradyň elinden tutjak bolýan ýaly hereket etdiler. Hut şu tanyş hereketi görende, Merhemet-we-Şöhrat olary tanady we şatlyk bilen: «Neneň? Bu siz ahyryn, Gaýgy we Ejir! Wah, salam, salam! Sizi ýene-de görmekligi men gaty küýsäpdim» diýdi.
Olar başlaryny yradylar. «Ýok! — diýip olar güldüler. — Seniň Wah-Gorkýan bolşuň ýaly biz hem Gaýgy we Ejirdiris. Belentliklere gelenleriň barynyň üýtgeýändiklerini sen bilmeýäňmi ahyryn? Seniň bizi şu ýere getireniň üçin biz indi Şatlyga we Parahatlyga öwrüldik».
«Şu ýere getirenim üçin! — diýip, Merhemet-we-Şöhrat geň galdy. — Siz geň zatlary diýýärsiňiz! Birinji günden başlap, tä soňky güne çenli siz meni bu ýere süýräp getirdiňiz ahyryn!»
Olar ýene-de jogap deregine kellelerini yrap, güldüler-de: «Ýok, Merhemet-we-Şöhrat, biziň özümiz sensiz bu ýere gelip bilmezdik. Gaýgy we Ejir Söýgi Şalygyna girip bilmeýärler. Emma her gezek sen bizi kabul edip, seniň eliňden tutmaklyga rugsat bereniňde, biz özgerip başladyk. Eger sen yzyňa dönen bolsaň ýa-da bizi ret eden bolsaň, onda biz hiç haçan bu ýere gelip bilmezdik» diýdiler.
Bir-birlerine seredip, olar mähir bilen ýylgyrdylar-da, şeýle diýdiler: «Seni ilkinji gezek dag eteklerinde görenimizde biz biraz keýpden gaçdyk. Sen bizden şeýle bir gaty Wah-Gorkýan ýaly bolup görünýärdiň. Sen bizden daş durup, biziň kömegimizi kabul etmediň. Ikimizden birimiz Belentliklere bararys diýip oýlanmak gaty kyndy. Şonda biz öz-özümize ömrümiziň ahyryna çenli Gaýgy we Ejir bolmaly bolarys diýip aýdypdyk. Emma görýäňmi, öz rehimine görä Taňrymyz we Patyşamyz biziň üçin hemme zady oňardy we näme bolsa-da, sen bizi bu ýere getirdiň. Indi biz ömür boýy seniň ýoldaşlaryň we joralaryň bolarys».
Bulary aýdyp bolanlaryndan soň olar Merhemet-we-Şöhradyň ýanyna baryp, ony gujakladylar we olaryň üçüsi-de bir-birlerini söz bilen aýdyp bolmaýan söýgi, minnetdarlyk we şatlyk bilen ogşaýardylar. Şeýlelikde, özüniň täze ada eýe bolan, Patyşa bilen birlikde bolan we şöhratlandyrylan Merhemet-we-Şöhrat özüniň ýoldaşlary we joralary bilen Belentliklere geldiler we ony Söýgi Şalygyna äkitdiler.
On dokuzynjy bap
Belentlikler
likleri öwrenýärdiler we Patyşanyň özlerine berýän sapaklaryny özleşdirýärdiler. Onuň özi olary dürli ýerlere eltip, olaryň şu wagt düşünip bilýän zatlaryndan gürrüň berýärdi. Şeýle-de olaryň bu ýerleri özbaşdak öwrenmeklerini ol nygtaýardy, çünki Belentliklerde ýolagçylara hemişe täze we ajaýyp açyşlar garaşýandyr.
Bu Belentlikler iň belent däldiler. Beýlekileriň depeleri ölümli adam gözüniň saýgaryp bilmeýän ýerleri bolan asmana göterilip gidýärdiler. Ol ýere diňe ýerde öz syýahatyny gutaranlar baryp bilýärdiler. Merhemet-we-Şöhrat öz joralary bilen Söýgi Şalygynyň «öwrenjeler» üçin niýetlenen aşak ýapgytlaryndadylar. Bu gezek olara diňe şu ýerlerden keýp alyp, olary öwrenmeklik berlendi. Bu ýeriniň ýapgytlaryndan olar aşakdaky jülgelere-de seredip bilýärdiler. Öň düşnüksiz we syrly bolup görünýän birnäçe zatlara indi bu täze belentlikden seredenlerinde, olaryň bary öz manylaryny tapypdylar. Aşakdan köp zatlar anyk we aýdyň görünmeýärdi we bu görüp boljak zatlaryň diňe bir kiçijik bölegidi.
Ýöne olaryň bu Söýgi Şalygynyň ýapgytlarynda bilen zatlarynyň birinjisi — bu haçanda Patyşanyň olary indiki mümkinçilikde ýene-de ýokary çykaranynda, mundan-da köp zatlary görüp, bilip we düşünip biljekdikleridi. Olaryň keýp alyp görýänleri öňdäki we ýokarlardaky görjekleri bilen deňeşdirer ýaly däldi.
Heniz olar dar jülgelerde özleriniň dar gözýetimi bilen ýaşaýarkalar, bulardan-da beýik daglaryň bardygy olaryň düýşlerine-de girmändigi şu wagt olar üçin örän aýandy. Käwagt Merhemet-we-Şöhrat Söýgi Şalygynyň bu iň aşak ýapgytlaryndan görünýän täsin görnüşe syn edininde, ol utançdan gyzarýardy. Özüniň we jülgedäki beýlekileriň Belentlikler we Hakykatyň daglyk zynjyrlary barada aýdan tassyklamalary Merhemet-we-Şöhradyň ýadyna düşdi. Nädip olar az görmeklige ukyplydylar! Olar özleriniň kiçijik dünýäsiniň aňyrsynda näme bardygyny hiç göz öňüne getirip bilmeýärdiler. Ol indi hatda bu täsin ýapgytlarda-da bütin ullakan suradyň diňe bir bölejigini görýändigine has anyk düşünýärdi.
Ol Söýgi Şalygynyň birinji ýapgytlaryna täze garaýyş bilen seretmäge ýadamaýardy. Indi ol bar zady başgaça görýärdi. Şatlykdan we minnetdarlykdan, kä wagt bolsa görüp, düşünip bilýän zatlarynyň täsirinden ol serhoş bolan ýaly bolýardy. Gorka we titremä getirýän aşakdan garaňky we elhenç bolup görünýän zatlar indi beýik we täsin bütewiligiň bir bölegi bolup durdy. Öňki elhenç zatlaryň şunuň ýaly owadanlyga öwrülenini görüp, Merhemet-we-Şöhrat özüniň şeýle bir kör we samsyk bolandygyna geň galýardy. Onda bularyň bary barada ýalan düşünje bardy.
Ol hakykaty diňe kitaplardan ýa-da ýazylan sözlerden däl-de, diňe aňyň ösmegi we kämilleşmegi bilen bilip bolýandygyna anyk düşünip başlady. Heniz adam ruhy tejribäniň aşakky ýapgytlarynda ýaşaýarka, hatda Kitaplaryň Kitabynda ýazylanlaryň bary gaty ýalňyş düşünilip biliner.
Merhemet-we-Şöhrat ýokarda, Söýgi Şalygynyň ýapgytlarynda bolanlaryň ol ýerde görenleri barada gutarnykly baha berip bilmejekdiklerine düşündi. Çünki ol özüniň bu şöhratly bütewiligiň haýsydyr bir kiçijik bölegini görýändigine diňe häzir düşünip başlady. Geň galmakdan, hormatdan we minnetdarlykdan ýöne ruhuň galkynýar we köp zady görüp, düşünmeklik üçin mundan-da ýokary galmaklygy bütin ýüregiň bilen küýsemeklikden başga zat galmaýar.
Uzak wagtlap seredip bolmaýan bu owadanlyga bakyp, Merhemet-we-Şöhrat ýüreginiň islegini, nähili geň eşidilýändigine seretmezden, edil kör adamyň dogasy kimin beýan edip boljakdygy hakynda oýlanýardy: «Taňrym, meniň gözlerimi aç! Ýagtylygy köpräk görüp bilmeklige kömek et! Maňa has kämil düşünje ber». Ýene bir zat onda beýik şatlygy döredýärdi - bu Patyşa bilen dyngysyz gürrüňdeşlik. Ol nirä gitse-de, Merhemet-we-Şöhrat Parahatlyk we Şatlyk bilen onuň ýanyndady. Özleriniň keýik aýaklaryny ulanmaklary üçin olary türgenleşdirip, öwredenligi sebäpli, Merhemet-we-Şöhrat şadyýanlyk bilen onuň yzy bilen bökjekläp ýördi. Merhemet-we-Şöhrat onuň yhlas bilen ýollary saýlaýandygyna we özüniň geň galdyryjy güýjüni saklaýandygyna tizara üns berdi. Ol diňe olaryň gaýtalap biljek bökjeklemelerini we towusmalaryny ýerine ýetirýärdi.
Olaryň ýaňyja gazanan ukyplarynyň çäklidigine ol uly geçirimlilik bilen uýgunlaşýardy. Şadyýanlyk bilen keýikler kimin daglarda bökjekläp we towsup, eger ol bar güýjüni ulanaýsa, onda özleriniň uzakda galjakdyklaryny hem unutdylar.
Agsaklap, büdräp ýörän Merhemet-we-Şöhrady dag geçisiniňki ýaly ýeňil bökjeklemelerden we gaýalardan gaýalara towusmalardan uly begenç doldurýardy. Ol saklanyp bilmeýärdi we onuň üçin demini dürsemeklige saklanmazlyk çydar ýaly zat däldi. Patyşa onuň yhlasyny uly lezzet bilen goldaýana meňzeýärdi. Tä güýçden gaçýança, ol Merhemet-we-Şöhrady uzaklardan uzaklara äkidýärdi we onuň böküşleri has uzalýardy. Onsoň ol ony täze bir gaýa eltdi we olar şol ýerde egin-egne berip oturdylar. Merhemet-we-Şöhrat dynjyny alýarka, täze garaýyş bilen serederi ýaly Patyşa oňa käbir ýerleri görkezdi.
Bir gezek olar Belentliklerde birnäçe günläp bolanlarynda, ol Merhemet-we-Şöhrady ýaşyl otlara bürenen bir gaýa getirdi. Merhemet-we-Şöhrat gülküden durup bilmän: «Hatda keýigiň aýaklaryna-da wagtal-wagtal dynç almaklyk gerek!» diýdi.
Ol jogap edip: «Merhemet-we-Şöhrat, seniň aýaklaryňy nädip keýigiň aýaklary ýaly edenime we bu Belentliklere getirenime indi düşünýärsiňmi?» diýip sorady.
Merhemet-we-Şöhrat oňa ýakynlaşdy-da, çynlakaý onuň ýüzüne seredip: «Sen muny nädip etdiň, meniň Taňrym we Patyşam?» diýdi.
«Başdan geçiren syýahatyňa pikiriňde dolan we ýolda nähili sapaklary öwrenendigiňi maňa gürrüň ber» diýip ol aýtdy.
Özüniň bütin ýörüşini ýadyna düşürip, Merhemet-we-Şöhrat birsalym dymdy. Ol gaty uzyn, käbir ýerleri bolsa kyn, hatda geçer ýaly däl bolup görünýärdi. Şeýle-de özüniň ýolda guran gurbanlyk sypalary barada oýlandy. Özüniň onuň bilen jülgedäki howdan boýunda duran we Belentliklere çykmaklyk çakylygyny kabul eden wagtyny ýadyna düşürdi. Dag eteklerine baranynda, özüniň nädip Gaýgy we Ejir bilen duşuşandygyny we nädip olaryň kömeklerini kabul etmekligi öwrenendigini ýadyna saldy. Şeýle-de, çölde aýlaw etmelidigini bilen wagtynda tas huşundan gitjek bolandygyny hem ýatlady. Şol ýerde görenleriniň baryny ýadyna saldy.
Onsoň ol pikirinde özleriniň Ýekelik deňziniň kenarlaryndaky syýahatyna dolandy; suwuň gyralaryna çenli dolduran boş aýlagy ýadyna saldy. Soňra ýoluň Belentliklerden ters tarapa öwrenindäki çölde başdan geçirilen umydyň üzülmesi. Ýoluň ýene-de daglara öwrülenine çenli özüniň köne gaçy, jülgeler we tokaýlar boýunça ýörändigini-de ýadyndan çykarmady. Ol pikirinde Şikes gaýasyna, Howplulyk we Gamgynlyk tokaýlaryna, özleriniň gaçalgada garaşan beýik tupanyna gaýdyp geldi. Onsoň birden ümür — tükeniksiz ümür we ýoluň aşak, Ýitirme jülgesine düşen wagtyndaky elhenç pursat onuň ýadyna düşdi. Onuň yzysüre aşak seredeninde, yzyna dolanmaklyk islän pursadyndaky elhenç uçut.
Ol Ýitirme jülgesine aşak inmäni we asma ýol bilen Belentliklere tarap ýoly dowam etdirmeziniň öň ýanyndaky ol ýeriniň rahatlygyny ýadyna düşürdi. Ony ölüme taýýarlap, ol ýerde geçirilen günler. Soňra bolsa bularyň baryny: iň soňky, azaply ýokary galmany, özlerini harasatdan goran gowagy, ähli wadalary ýadyndan çykarmak synagyny, gowagyň boýundaky şypa beriji çeşmäni, ahyrynda bolsa özüniň baglanan gurbanlyk sypasynyň duran ýeri bolan, dag depeleriniň arasyndaky we ümür bilen örtülen mazary ýadyna saldy. Bu geň syýahata ýola düşüp, öňünde nämeleriň garaşýandygyny we nämelerden geçmeli boljakdygyny Merhemet-we-Şöhrat nädip erbet göz öňüne getiripdi! Şonuň üçin geň galan we minnetdarlykdan doly bolan Merhemet-we-Şöhrat uzak wagtlap dymyp oturdy.
Ahyrynda ol Patyşanyň elinden tutup, ýuwaşja: «Taňrym, özümiň nämäni öwrenendigimi saňa aýdyp bererin» diýdi.
«Aýdaý» diýip ol mähir bilen ýüzlendi.
«Birinjiden, nirä eltýänine seretmezden, ýolumdaky seniň beren zatlaryňyň baryny şatlyk bilen kabul etmeklige düşündim. Şeýle-de, men hiç bir zatlardan gaýry durmaly däl. Emma men ony kabul etmeli we öz erkimi gurbanlyk sypasyna goýup: «Ine, seret, men — seniň kiçijik hyzmatkäriň Şatlyk-bilen-kabul-edýän» diýmeli».
Ýekeje-de söz aýtman Patyşa başyny yrady. Merhemet-we-Şöhrat bolsa sözüni dowam etdirdi: «Şeýle-de, men beýlekilere berlen rugsada görä, olaryň maňa ýetirýän agyrylaryna çydamaklygy öwrendim. Men hiç bir kine saklaman, saňa: «Ine, seret, men — seniň kiçijik hyzmatkäriň Söýgi-bilen-bagyşlaýan» diýip, bagyşlamaly. Şeýle-de, men ýamanlykdan ýagşylygy öwrenip biljekdigime düşündim».
Ol ýene-de başyny yrady, Merhemet-we-Şöhrat bolsa, öňküsinden-de bagtly we şatlykdy ýylgyrdy.
«Üçünjiden, sen, Taňrym, meni hiç haçan bolşum ýaly, ýagny agsak we gorkak hasaplamadyň. Sen meni geljekdäki, ýagny wadalaryňy ýerine ýetirip, Belentliklere elteniňdäki ýaly görýärdiň. Sen hemişe meniň bilen edil kiçijik biçäre Wah-Gorkýan ýaly däl-de, eýýäm şazadanyň gyzyna bolan gatnaşyk ýaly söýgi we hormat bilen gatnaşyk edýärdiň». Onsoň ol Patyşanyň ýüzüne uzak wagtlap seredip durup, ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Emma ahyrynda: «Taňrym, beýlekilere-de şunuň ýaly seretmekligi isleýändigimi söz bilen aýdyp bilmeýärin» diýdi.
Bulary aýdanynda, onuň ýüzünde owadan ýylgyryş peýda boldy. Emma ol şonda-da hiç zat aýtman, üçünji gezek hem diňe başyny yrady we Merhemet-we-Şöhradyň sözüni dowam etdirmekligine garaşdy.
«Dördünjiden, bu meniň şu ýerde, ýokarda öwrenenlerimiň birinjisidir. Durmuşdaky dürli ýagdaýlaryň nähili erbet we elhenç bolýandyklaryna seretmezden, eger olara söýgi bilen, bagyşlama we seniň erkiňe boýun bolmaklyk bilen seretseň, onda olaryň bary özgerip bilerler.
Şonuň üçin, Taňrym, sen ýamanlyk we özüňiň üýtgetjek erbet adamlaryň bilen biziň duşuşmagymyza ýörite ýol berýäň diýip hasaplaýan. Belki-de, bu biziň şu günäli, ejirli, gaýgyly we ýamanlykdan doly dünýäde bolmaklygymyzyň sebäbidir — biziň olara dogry gatnaşyk edip bilmekligimizde saňa rugsat bermeklik. Çünki sen olardan baky ýaşajak bolýan ajaýyp häsiýetleri döretjeksiň. Bu ýamanlyk bilen göreşmegiň ýeke-täk bolup biljek we hakykatdan-da mynasyp usuly. Zelel ýetirmezligi üçin ýöne daňyp goýmak däl-de, mümkin bolan ähli ýerde ony ýagşylyk bilen ýeňmeklik» diýdi.
Ahyrsoňy ol sözledi: «Sen gowy öwrenipsiň, Merhemet-we-Şöhrat. Indi bolsa men ýene bir zatlar goşaryn. Hut seniň şu özleşdiren sapaklaryň seni agsak Wah-Gorkýandan keýik aýakly Merhemet-we-Şöhrada öwürmeklige maňa ýardam etdiler. Indi sen daglarda böküp, towsup bilýärsiň we meniň baran ýerime yzym bilen barýarsyň. Indi biziň aýrylmaklygymyzyň geregi ýok.
Şonuň üçin şuny ýadyňda sakla. Heniz sen Şatlyk-bilen-kabul-edýän we Söýgi-bilen-bagyşlaýan bolmaklyga razykaň, hiç haçan agsak bolmarsyň. Sen bu dünýäniň jülgesine baryp, ol ýerde meniň bilen hyzmat edip bilersiň. Çünki hut şol ýerde zalymlar, gaýgylylar we betnyşanlar bardyr we biz olar bilen işleşip, olary özgertmelidiris.
Söýgi Kanunyny kabul et we oňa boýun bol. Şonda seniň keýik aýaklaryňy hiç kim agsak edip bilmez we seni menden aýryp hem bilmez. Merhemet-we-Şöhrat, bu Belentlikleriň syrydyr, Älemiň täsin we kämil kanunydyr. Gök Belentlikleriniň nurana şatlygy hut şondan gelýändir». Onsoň ol ýerinden turup, Merhemet-we-Şöhrady göterdi-de, ýanynda goýup: «Hany, ýene-de öz keýik aýaklaryňy ulan! Men seni dagyň beýleki tarapyna äkiderin» diýdi.
Bulary aýdanyndan soň ol «daglarda böküp we baýyrlarda towsup», daşlaşmaga başlady. Onuň yzy bilen Merhemet-we-Şöhrat barýardy, owadan keşpler bolan Parahatlyk we Şatlyk onuň ýanynda ylgaýardylar. Böküp barşyna ol şeýle aýdymy aýdýardy:
Ýigriminji bap
Jülgä dolanyş
Bu nahallaryň şu ýerde berkäp, güllemekleri üçin Patyşanyň özi olary aşakky jülgäniň ýaramaz topragyndan şu ýere göçüripdi. Onsoň beýleki ýerleri hem bezemeklikleri üçin olary başga ýerlere göçürýärdiler. Rehimli Patyşanyň golastynda işleýän bagbanlaryň işlerine syn edip, biziň syýahatçylarymyz birnäçe ajaýyp günleri geçirdiler. Patyşa üzümlere seredýänlere öwüt-ündew bermek üçin üzümçilige gidende, olar hem onuň bilen bile gidýärdiler.
Bir gezek Merhemet-we-Şöhrat özüniň iki ýoldaşy bilen jülgäniň soňuna baranda, özleriniň ol ýerden Aşaklara görnüşiň açylýan ýeri bolan Belentlikleriň iň gyrasynda durandyklaryna göz ýetirdi. Şol ýerde durup, olar iki dag zynjyrlarynyň arasyndaky ýaşyl jülgäni gördüler. Onuň içinden akýan derýa hem görünýärdi. Çar tarapda mele we gyzyl adajyklar bardylar. Olar baglar bilen gabalan obalar bolsa gerek.
Merhemet-we-Şöhrat duýdansyz ah çekdi. Ol bu ýeri tanady — bu özüniň bütin betbagt durmuşyny geçiren we Çopanyň Belentliklere çagyran ýeri bolan Kemsitme jülgesidi.
Ýekeje-de söz aýtman, ol ýaşyl otlara bürenen ýapgytda oturdy. Heniz aşak seredýärkä, onuň kellesine birnäçe pikirler geldi. Ol ýerde, aşakda özüniň ýaşan kiçijik ak jaýy we çopanlaryň Patyşanyň sürülerini bakýan öri meýdany bardy. Ine-de goýunlaryň ýatagy we olary suwa ýakylýan çeşme. Şol ýerde ol ilkinji gezek Çopan bilen duşuşypdy. Bu jülgede olaryň arasynda ýaşan ýoldaşlary we dostlary bardy.
Ol ýerde beýleki tanyşlary hem bardy. Obanyň çetinde Elhenç Duýgular daýzanyň jaýy ýerleşýärdi. Şol ýerde Merhemet-we-Şöhrat özüniň doganoglan uýalary bolan Çytykdyr Gaharjaň we olaryň dogany Gorkak bilen bir öýde özüniň betbagt ýaşlygyny geçiripdi. Olar barada we olaryň biçärediklerini ýadyna düşürende, Merhemet-we-Şöhradyň ýüregine ýiti rehimlilik agyrysy uruldy.
Biçäre Elhenç Duýgular daýza! Nädip ol gyzlarynyň betbagt nikasy sebäpli göwnüniň syndyrylandygyny gizlemäge synanyşypdy! Garagol oglunyň özüni alyp barşyndan bolsa, elmydam ejir çekýärdi. Şeýle-de, Merhemet-we-Şöhrat özüniň beýleki garyndaşlarynyň jaýlaryny gördi. Ine-de garrap, güýçden gaçan jenap Elhenjiň mellegi. Ol özüniň ýakynlap gelýän ölüminden we ygtyýaryny ýitirjekdiginden gorkup, özüne ýer tapmaýardy. Ine-de Tekepbirligiň jaýy we onuň ýanynda Hasratyň we Öýkäniň jaýlary. Şol gür agaçlaryň aşagynda bolsa, betbagt Özüne-haýpy-gelýän ýaşaýar. Ol Belentliklere syýahat döwründe özüne azar berenleriň jaýlaryny tanady. Şeýle-de, ol ýerde Jülgäniň beýleki ýaşaýjylarynyň — Çopany ýigrenýänleriň jaýlary bardy.
Merhemet-we-Şöhrat oturyp, aşakdaky jülgä seredýärdi. Gözleri gözýaşlardan dolupdy, ýüreginde bolsa agyry peýda bolupdy (munuň nähili bolýandygyny ol bu ýerde — Belenliklerde ýadyndan çykarypdy).
Duýdansyz ol garyndaşlaryna we jülgede ýaşaýanlara bolan duýgularynyň doly üýtgändigini aňdy. Indi ol bar zada başgaça seredýärdi. Ol olary öň howply duşman hasaplaýardy, indi bolsa olaryň betbagt biçärelerdiklerine düşündi. Bir wagtlar onuň özi-de şeýledi. Bir wagtlar gorkularyň Merhemet-we-Şöhrady gününe goýmandygy ýaly olara hem dürli günäler we betnyşan häsiýetler azar berýärler. Olar özleriniň atlaryna laýyk gelýän biçäre gullardylar. Olaryň atlarynyň näçe zalym boldugyça, şonça-da olar ejir çekýärdiler we şonça-da olara rehimiň gelýärdi.
Şunça ýyllap olardan ýöne gorkanlygy üçin däl-de, hatda olara höküm edenligi baradaky pikir Merhemet-we-Şöhrada gaty agyr degýärdi. Olaryň gaýgylaryna onuň haýpy gelmeýärdi we bar zatda olaryň özleri günäkär öýdýärdi. Hawa, gorkular tarapyndan ýigrenilen we gula öwrülen Wah-Gorkýan olary şunuň ýaly biçäre we betnyşan edýän zatlar üçin öz garyndaşlaryny äsgermezlik edýärdi. Şol bir wagtyň özünde onuň özi hem biçäredi. Tekepbirlik, öýke we hasrat ýaly atlaryna laýyk gelmän, olaryň üýtgemekligini islemän, ol tersine, olary näletläp, ýigrenýärdi.
Bu barada oýlanyp, ol ýanynda oturan Şatlyga we Parahatlyga öwrüldi we olara şeýle diýdi: «Olar üçin jülgede hiç zat edip bolmazmy? Meniň daýzam Elhenç Duýgular, biçäreler Çytyk we Gaharjaň şeýdip, kömeksiz galmalymykalar? Bizi yzarlap, Belentliklere bolan uzak ýolda meni yzyma öwürmek islän doganoglanlarym üçin hem hiç zat edip bolmazmy? Eger Çopan meni — Wah-Gorkýany ähli gorkularymdan we günälerimden azat eden bolsa, onda ol olary-da gününe goýmaýan zatlardan azat edip bilmezmi ahyryn!
«Hawa, — diýip Şatlyk (öňki Gaýgy) aýtdy, — eger ol Gaýgyny Şatlyga, Ejiri Parahatlyga, Wah-Gorkýany bolsa Merhemet-we-Şöhrada öwrüp bilýän bolsa, onda onuň Tekepbirligi, Hasraty, Öýkäni we Özüne-haýpy-gelmekligi hem üýtgedip bilýändigine biz nädip şübhelenip bileris? Emma olar boýun bolup, onuň yzyna eýerseler. Seniň daýzaň Elhenç Duýgular hem Alkyş-we-minnetdarlyk bolup biler. Biçäreler Çytyk we Gaharjaň hem özgermeklige ukyplydyrlar. Munuň amala aşjakdygyna we olaryň özlerini heläkleýän zatlardan doly azat bolup biljekdiklerine biz şübhelenmeli däldiris».
Merhemet-we-Şöhrat: «Emma nädip Çopanyň yzyna eýermeklige olary yryp bolar? Häzir olar ony ýigrenýärler ahyryn, hatda oňa ýakynlaşmak hem islemeýärler» diýdi.
Şonda Parahatlyk (öňki Ejir) ýuwaşja şeýle diýdi: «Adamlar gaýgyny we ejiri başdan geçirenlerinde ýa-da kemsitmä duçar bolanlarynda, ýa-da uly betbagtçylyga duçar bolanlarynda olaryň Çopan bilen tanyşmaklyga ylalaşýandyklaryna we onuň kömegini gözleýändiklerine üns berdim. Mysal üçin, biz seniň daýzaň bolan Elhenç Duýgularyň betbagtdygyny bilýäris. Ol Gorkagyň özüni alyp barşyndan gaty ejir çekýär. Belki ol indi Çopana ýüz tutmaga taýyndyr! Biçäreler Çytyk bilen Gaharjaňlygyň öň Çopanyň kömegine bolan hiç hili mätäçligi duýmandyklaryna seretmezden, belki-de indi olary onuň yzyna eýermeklige yryp bolar».
«Hawa, siziň mamladygyňyza men ynanýan. Wah, eger-de biz olaryň ýanyna baryp bilsedik! Özümiziň tapanymyzy olara hem tapmaklyga kömek edip bilsedik!» diýip, Merhemet-we-Şöhrat seslendi.
Şol pursatda Patyşanyň sesi gaty ýakynda eşidildi. Ol olaryň ýanyna gelip oturdy-da, aşakdaky jülgä seredip, mähir bilen Merhemet-we-Şöhrada şeýle diýdi: «Eý baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlar seniň owazyňy diňleýärler, ony men-de eşideýin» (Sül. aýd. 8:13).
Merhemet-we-Şöhrat oňa tarap öwrülip, elinden tutdy. «Taňrym, — diýip seslendi, — biz Kemsitme jülgesinde ýaşaýan adamlar barada gürrüň etdik. Bilýäňmi, olaryň bary — meniň garyndaşlarym ahyryn! Taňrym, olar üçin biz näme edip bileris? Hanha, ol ýerde meniň daýzam Elhenç Duýgular. Men onuň bilen köp wagt ýaşadym we onuň has umytsyz ýagdaýdadygyndan habarym bar».
Patyşa: «Onuň örän betbagt aýaldygyny men bilýärin» diýdi.
Merhemet-we-Şöhrat sözüni dowam etdirip: «Onuň gyzy Çytyk jenap Elhenjiň ogly Nejise durmuşa çykdy. Ol örän baý, emma Çytykdan has uly we men-menlikçi adam. Meniň pikirimçe, Çytyk oňa durmuşa çykandan bäri ýekeje gün hem rahatlyk gören bolmasa gerek. Belki, ol Çytygy taşlar diýen gürrüňler hem jülgede peýda bolupdy» diýdi.
«Ol şeýle-de etdi, — diýip Patyşa ýuwaşja aýtdy, — betbagt, umytsyz we göwni syndyrylan Çytyk bolsa, ejesiniň öýüne dolanyp bardy».
«Onuň uýasy Gaharjaň näme? Hawa, biçäreniň ýiti dili hemmeleri onuň duşmany etdi. Ol Çekinjeň-Syr-Saklaýana durmuşa çykdy we olar örän garyp ýaşaýarlar. Olar meniň doganoglanym Hasrat we onuň aýalynyň jaýynyň bir otagynda ýaşaýarlar. Hemişe men şu ýerde, Söýgi Şalygynda ýaşaýarkam, olar baradaky pikir meni günüme goýanok».
«Olar dogrudanam biçäreler, — diýip Patyşa öňküsinden-de rehimlilik bilen aýtdy. — Ýap-ýaňyja olaryň gyzy aradan çykdy. Biçäre Gaharjaň bu gyzynyň özüniň bagtsyz durmuşynyň rahady bolar diýip umyt edipdi!»
Merhemet-we-Şöhrat: «Olaryň dogany Gorkak hem bar» diýip seslendi. Heniz gepleýärkä, ol Patyşa seretmedi. Onsoň birsalym dymyp, ýene-de sözüni dowam etdirdi: «Ol bütin maşgalanyň iň nejisi. Ol ejesiniň göwnüni syndyrdy. Onuň gyz doganlarynyň ýekejesi-de indi onuň bilen gepleşmeýärler. Ol hemmeler tarapyndan ýigrenilip, jülgede gizlenip ýöreýär».
Patyşa çynlakaý jogap berip: «Men ony tanaýaryn. Hawa, men ony gowy bilýärin. Ol nejis diýip, sen gaty dogry aýtdyň. Ony düzetjek bolup men birnäçe gezek onuň durmuşyna aralaşyp, ençeme gezek oňa temmi berdim. Emma men temmi berenem bolsam, ony ölüme tabşyrmadym» diýdi.
Merhemet-we-Şöhrat haýyş edip: «Ýok, ýok! Hiç haçan beýle etme, Taňrym! Meni azat edişiň ýaly ony-da halas edip, öz-özünden ony azat etmeklik üçin bir zatlar tapaý!» diýdi.
Ol Merhemet-we-Şöhrada üns bilen seredip, jogap bermäge gyssanmady. Onuň bakyşynda uly kanagatlanarlyk we bagt bardy. Ahyrynda ol jogap berip: «Men seniň diýýäniňi ýerine ýetirmäge taýyn, emma bu betbagt adamlar meni öýlerine goýbermeýärler, hatda özleri bilen gepleşmäge-de rugsat bermeýärler. Olara meniň kömegimiň gerekdigini aýdyp, ynandyryp biler ýaly maňa biri gerek» diýdi.
«Men seniň näme diýjek bolýandygyňa düşünýärin, — diýip, Merhemet-we-Şöhrat şatlyk bilen aýtdy. — Biz ol ýere seniň bilen bile düşeris we biziň üçin seniň edenleriňi görkezip, olar bilen gürrüň ederis. Bulary olar bilen hem edip biljekdigiňi aýdrys».
«Olar seni diňlärlermi?» diýip, Patyşa ýylgyryp, mähir bilen sorady.
«Ýok, meniň pikirimçe, olar gulak asmazlar — esasan-da ilkibaşda, — diýip Merhemet-we-Şöhrat jogap berdi. — Diňlärleri ýaly men olar üçin hiç kim hem däldim. Emma meniň näme diýmelidigimi sen maňa aýdarsyň. Sen maňa öwredersiň, men bolsa, seniň üçin aýdaryn.
Eý Taňrym, ýör, çaltlyk bilen ol ýere, aşak düşeliň. Haçanda olar seniň meniň üçin edenleriňi görenlerinde we haçanda Parahatlyk bilen Şatlygy görenlerinde meniň pikirimçe, ahyrynda, seniň kömek etmekligiňi olar islärler. Bularyň sebäbi, olaryň özlerini aldaýandyklarynda ahyryn! Sen hiç bir oňat zat berip bilmersiň diýip olar ynanýarlar. Şunuň üçin olar saňa garşy çykýarlar we seniň kömegiňden boýun towlaýarlar. Emma biz olara haýyş ederis. Taňrym, esasanda häzir — olaryň gaty betbagt we hemmeler tarapyndan ýigrenç bolýan wagtlary. Hut olaryň şu kyn ýagdaýlary, ýekeligi we gaýgylary seniň merhemetiň we olara kömek etmeklik islegiň barada diňlemäge mejbur ederler».
«Dogry aýdýaň, — diýip Patyşa ylalaşdy, — men hem şeýle pikirde. Indi aşak düşüp, olara kömek etmeklige synanyşmagyň hakykatdan hem aýratyn oňaýly wagty».
Şu sözleri aýdyp bolandan soň ol ýerinden turdy. Merhemet-we-Şöhrat hem onuň yzyna eýerdi. Olaryň dördüsi-de aşaga, jülgä gitmeklige taýyn bolup, Belentlikleriň gyrasynda şatlyk bilen durdular. Şonda Merhemet-we-Şöhrat has ýakynda beýik şarlawugy gördi. Ol hem jülge tarapa howlugýardy we onuň suwlary gaty ses bilen daşly çykytdan aşak inip, şatlyk bilen aýdym aýdýardylar:
Birden Merhemet-we-Şöhrat bir zada düşündi. Oňa bir täsin we şöhratly hakykat aýan boldy: bu beýik suwlar şatlyk bilen aşaklara inip, özleriniň kabul eden durmuşlary bilen paýlaşmaklary üçin Merhemet-we-Şöhradyň özi ýaly Patyşa tarapyndan Belentliklerdäki Söýgi Şalygyna getirilipdiler. Merhemet-we-Şöhradyň özi bolsa, Söýgi Patyşasynyň yzyna eýerijiler hem-de onuň bilen we bir-birleri bilen birlikde bolýan, Özlerini Beýlekilere Berýänleriň şadyýan köplügi derýasynyň bir damjasydy. Olaryň her birleri Merhemet-we-Şöhradyň özi ýaly patalanandylar we söýülýändiler.
«Çünki ol biziň her birimizi edil diňe men onuň ýeke-täk söýgüsi ýaly söýýär» diýip Merhemet-we-Şöhrat aýtdy.
Özüniň bu beýik suwlar bilen bir bütewiligi döretjekdigi baradaky pikir kellesine gelende, onuň ýüregi söz bilen beýan edip bolmaýan şatlykdan doldy. Ahyrynda indi oňa hem özüni doly bagyş etmeklik söýgüsi bilen bile aşaga gitmeklik garaşýardy. «Ol meni diňe şunuň üçin depelere getirdi» diýip aýtdy-da, Patyşa seretdi we başyny yrady.
Şondan soň Patyşa aşak bökdi we ýapgyt boýunça ylgady. Olaryň gaty tejribeli bolmadyk aýaklarynyň berk durary ýaly ýerleri saýlap, gaýalardan gaýalara bökdi we olaryň hem özüni ýetip bilmekleri üçin gaty çalt towusmaýardy. Onuň yzy bilen Merhemet-we-Şöhrat bökýärdi. Onuň ýanynda bolsa, Şatlyk we Parahatlyk bökýärdiler. Olaryň ýanlarynda bolsa, suwlar akyp, aýdym aýdýardylar. Biziň gahrymanlarymyzyň sesleri suwlaryň şatlykly sesleri bilen goşulyşýardylar, emma olar özleriniň aýratyn aýdymyny aýdýardylar:
Bu aýdymyň Süleýmanyň aýdymlarynyň iň soňky beýdidigi, belki-de size mälimdir. Emma Merhemet-we-Şöhrat üçin bolsa, bu başga bir täze aýdymyň başy boldy.
Bellikniň
1
Süleýmanyň aýdylary — Dawut pygamberiň ogly Süleýman pygamberiň ýazan aýdymlary. Süleýmanyň aýdymlary Towrat we Zebur ýaly Mukaddes Kitaby düzýän kitaplaryň biri.