Joş Makdauell Ýöne bir agaç ussasy däl Redaksiýadan — Bu adamyň beýle akyldarlygy we gudraty nireden? Ol bize tanyş bolan agaç ussasy Ýusubyň ogly dälmi ahyryn? — diýip, gadymy şäherjik bolan Nasyranyň ýaşaýjylary hüňürgenýärdiler… — Ahyry, Ol kimkä?! — diýip, hatda onuň ýakyn dostlary hem seslerini çykarman durup bilmediler… Ine, bireýýäm iki müňýyllygyň içinde bu sorag haýsy hem bolsa bir görnüşde dürli dillerde aýdylyp gelinýär. Bu adamyň ady millionlarça adamlaryň agyzlaryndan düşmeýär. Jizas Kraýst… Žezýu Krist… Isa Mesih — bu görnüşinde biziň okyjylarymyzyň köpüsine bu at tanyşdyr. Hut Oňa hem bu kitap bagyşlanandyr. Isa Mesihe ynanmaklyk — bu däli bolmaklygyň alamatydyr diýip, talyp ýyllarynda ýaş amerikan ýigidi bolan Joş Makdauell şeýle pikir edýärdi. Ynanýan adamlara ol ulumsylyk bilen seredýärdi. Ol olaryň üstlerinden gülerdi. Olar bilen jedel ederdi. Mesihileriň ýalňyşýandyklaryny subut etmeklik maksady bilen, ol iki müň ýyl mundan ozalky gadymy dokumentleri yzarlamaklyk kararyna gelipdi… Özüniň gelen netijeleri bilen Joş Makdauell şu kiçijik kitapda paýlaşýar. Şu wagt professor J. Makdauell — taryh we filosofiýa ugurlary boýunça hünärmen. Ol iki sany ýokary okuw jaýyny gutardy, şeýle-de dini ylymlarynyň kandidaty derejesine eýedir. Ol köp ýurtlarda edil lektor we apologetika boýunça kitaplarynyň ýazary hökmünde tanyşdyr. (Mesihi apologetika — mesihiligiň tassyklamalarynyň hakykylygynyň subutnamalaryny öwrenýän taryhyň we dini taglymatlaryň bölümidir). Joş Makdauell elli iki ýurtlaryň bäş ýüzden hem gowrak uniwersitetlerinde öz leksiýalary bilen çykyş etdi. Onuň diňleýjileriniň sany üç milliondan hem geçdi. Birinji kitaby bolsa («Ebidence That Demands a Verdict») uly möçberde çap edilip, bütin dünýä ýaýrady. Onuň ähli leksiýalaryny, kitaplaryny, gürrüňlerini we filmlerini bir mowzuk birleşdirýär. Bu mowzuk — Isa Mesih. Eliňizde tutýan bu kitabyňyzyň sahypalaryny dönderip, siz onuň Isa Mesih barada gürrüň bermekligi bilen, ýaşlygyndan ateizmiň ruhunda önüp-ösen sowet okyjysy üçin wagyp bolan sorag babatda hiç zat diýmeýändigine üns berersiňiz. «Isa Mesih dogrudan hem bolupmy? Bu poplaryň[1] we ezijileriň oýlap tapan taslamasy dälmi ahyryn? Hiç hili Isanyň hiç haçan hem bolmandygy ylym tarapyndan subut edilmedimi näme?» Dogrudanam, ine, 1964-nji ýylda Moskwadaky çap edilen Ensiklopediki sözlügiň 2-nji tomunda şeýle diýilýändir: «Isa Mesih — mesihiligiň toslama taýdan esaslandyryjysydyr…» (s. 618). Onda gürrüň nämede? Kitabyň ýazarynyň bu sorag boýunça hiç zat diýmeýänliginiň düşündirilişi gaty ýönekeýdir. Bar gürrüň şundadyr, ýagny ilkibaşdan başlap, bu kitap günbatar okyjylary üçin niýetlenendi. Günbatarda bolsa Isa Mesihiň taryhy şahsyýetdigini boýun almaýan ýekeje-de çynlakaý alymy tapyp bolýan däldir. Şonuň üçin hem Isanyň ýerde ýaşanlygyny amerikan okyjysyna ynandyrmak — bu samsyklykdyr. Bu şonsuz hem hemmelere mälim. Ýöne Isa Mesihiň ýer ýüzünde ýaşamanlygyna ynanýan tarapdarlaryň hatda sowet taryhy ylmynda hem gitdigiçe azalýandygyny bilip, köp okyjylar haýran bolarlar. Ylmy subutnamalary öwrenip, sowet taryhçylary bireýýäm (ýöne howsalalyk, yhlassyzlyk bilen bolsa-da) «toslanyp tapylan nazarýetiň» dogry däldigini boýun alyp başladylar. Ine, aşakda taryh ylymlarynyň doktory I. Swensistkiniň «Ylym we din» žurnalyndan alnan makalasy. «Biziň ylmymyzda şu wagt bu sorag babatda anyk bir gözýetim ýokdur. Alymlaryň ençemesi uzak wagtlaryň içinde toslama nazarýetini işläp düzdüler (R. Ý. Wipper, A. B. Ranowiç, S. I. Kowalýow, Ý. A. Lensman, I. A. Kryweled). Bu nazarýetiň tarapdarlarynyň esasy subutnamalaryny iki ýagdaýa getirse bolar: biziň eramyzyň I asyrynyň mehisi däl ýazarlarynyň Isa baradaky ýatlamalarynyň ýoklugy we Mesihiň has irki hudaýlyk keşbiniň anyk adam häsiýetleriniň bar bolan keşbine öwrülmekligi. Toslama nazarýetiniň tarapdarlarynyň gözýetimlerine laýyklykda, mesihilik öz ýanyndan dürli gün kultlarynyň ösmekligi we birikmekligidir. Onuň hudaýlylygy biziň eramyzyň II asyrynda adamzat keşbine geçmeklige mejbur edilipdir…». Emma bir zat mälim: Isa Mesih bolupdyr we dünýäde Onuň yzyna eýerijiler barha artýandyr. Şeýle bolýan bolsa, onda «Ol kim bolupdyr?» diýlen sorag her bir adam üçin ilkinji derejeli wajyplyga eýe bolýandyr. Isanyň Hudaýdygyna bolan imana adamlary näme getirýärkä? Mesihileriň durmuşlary imansyzlaryň durmuşlaryndan näme bilen tapawutlanýar? Isa hakda Täze Ähtiň düzümine girýän resminamalar näme diýýändir? Häzirki zaman bilimli bolan adam Isanyň ölülerden direlendigine ynanyp bilermi? Onda ylym babatda näme? Şular ýaly we şulara meňzeş beýleki ençeme soraglara güýjüniň ýetdiginden Joş Makdauell jogap bermäge synanyşýandyr. Elbetde, okyjynyň bu mowzuk bilen bagly bolan beýleki soraglary hem bolmagy mümkindir. Bu mowzuk diňe bir şu kitap bilen kanagatlandyrylyp bilinýän däldir. Jogaplary nireden tapmaly? Öz şäheriňizde mesihi ýygnagyny tapmaga synanyşyň we olara ýüz tutuň. Olar siziň islendik soraglaryňyza şatlyk bilen jogap bermäge synanyşarlar. Mümkin boldugyça, olar size biziň gürrüňini eden Isamyz hakyndaky maglumatlaryň ilkinji çeşmesi bolup hyzmat edýän kitaby tapyp bermäge synanyşarlar. Hakykaty dogruçyl we özbaşdak agtarmaga çalyşýanlaryň her biri üçin ilkinji çeşme bilen tanyşmaklyk gaty wajypdyr. Şonuň üçin hem şu kitabyň ýazarynyň getirýän her bir aýadyny Mukaddes Kitapdan tapyp, bütin bölegi okamaklyk ýerlikli bolardy. Munuň üçin bolsa siziň üçin Mukaddes Kitaby bütinleý ýa-da hiç bolmanda Täze Ähti edinmek gerekdir. Ondan başga-da, ýazar köplenç Mukaddes Kitapdan aýatlary getirmän, oňa salgylanýandyr. Şeýle ýagdaýlarda ol kitabyň gysgaça adyny we salgylanmalaryny getirýändir. Awtordan Isa adamzada bireýýäm 2000 müň ýyl mundan ozal geldi. Ol garyp maşgalada, kiçijik ýewreý şäherinde doguldy. Özüniň bütin ömrüni dünýäniň iň bir kiçijik, galyberse-de, keseki ýurtlular tarapyndan basylyp alnan şäherjiginde geçiripdi. Ol otuz üç ýyl ýaşady we ömrüniň soňky üç ýylyny adamlara hyzmata bagyş etdi. Onda näme üçin, bütin dünýäde diýen ýaly adamlar Ol hakynda ýatlarynda saklaýarlar? Biziň kalendarymyzyň her bir sahypasy, her bir kitabyň çap edilen ýyly görkezilen baş sypasy, bize Isanyň dünýäde şu wagta çenli ýaşanlaryň ählisinden hem iň manyly durmuş bilen ýaşandygy hakynda ýatladýar. Bir gezek meşhur ýazyjy we taryhçy G. J. Uellisden şeýle sorapdyrlar, ýagny onuň pikiriçe, agamzadyň taryhynda haýsy taryhy şahsyýet iň belli yz galdyrypdyr. Ol şeýle jogap beripdir, ýagny eger adamzadyň beýikligini taryhyň göwrüminde ölçeseň, onda «Isanyň birinji orny eýeleýändigi hiç bir şübhesizdir». Taryhçy Kennet Skott Laturett şeýle diýipdir: «Ýüzýyllyklar çalyşýarlar we olaryň her biri özlerinden soň täze subutnamalary galdyrýarlar — bu subutnamalar taryha täsir etmekde Isanyň durmuşy — şu wagta çenli biziň dünýämizde ýaşanlaryň iň täsinidiginiň subutnamalarydyr. Galyberse-de, bu täsir gowşaman, asyrlardan asyrlara güýçlenýändir». Ernest Renan şeýle synlama edipdir: «Isa — adamzadyň bütin taryhyndaky iň beýik dini uçursyz zehinlidir. Onuň owadanlygy bakydyr we Onuň şalygynyň ahyry ýokdur. Isa ähli tarapdan hem täsindir, bütin taryhda Onuň bilen bir hatarda goýar ýaly hiç kim hem ýokdur. Isasyz adamzadyň taryhyna düşünip bolýan däldir». 1-nji bap. Onda name aýratynlyk barka? Ýaňy-ýakynda men Los-Anjelesde bir topar adam bilen gürrüňdeş boldum. Men olardan şeýle diýip soradym: — Siziň pikiriňizçe, Isa Mesih kim bolupdyr? — Ol beýik dini serkerde bolupdyr, — diýip, maňa jogap berdiler. Näme diýeýin, men munuň bilen ylalaşýaryn. Elbetde, Isa Mesih beýik dini serdar bolupdyr. Emma men Onuň diňe bir beýik dini serdar däldigine ynamlydyryn. Asyrlaryň jümmüşinden bäri adamlar Isanyň kimdigi barada jedelleşýärdiler. Näme üçin bu adam sebäpli şeýle kän jedeller boldy? Näme üçin onuň ady beýleki dini serdarlaryň atlaryndan gaty güýçli duýgulary döredýär? Isa näme bilen beýlekilerden tapawutlanýar? Näme üçin Buddanyň, Muhammediň we Konfutsiýanyň atlary beýle agyryly duýgulary döretmeýär? Munuň sebäbi — Isanyň Özüni Hudaý diýip yglan edenligindedir: hut şunda hem beýlekilerden esasy tapawut jemlenendir. Isany tanan adamlar Onuň Özüne gaty täsin häsiýetleri edinýändigine tizara düşündiler. Onuň sözlerinden Özüni ýöne bir pygamber ýa-da mugallym hasaplamaýandygy mälim boldy — Ol Özüniň Hudaý bilen garyndaşlygyna aç-açan ymtylýardy. Ol diňe Özünde, ýeke Özünde Hudaýa, günäleriň bagyşlanmagyna we halas bolmaga bolan ýoluň bardygyny tassyklady. Käbirlerini Onuň beýle aýratynlygy gaty çäklendirýär we olar muňa ynanmak islemeýärler. Ýöne şu wagt, gürrüň hatda biziň nämä ynanyp-ynanmajakdygymyzda däldir. Sorag heniz başgasyndadyr: Isa Özüni kim hasaplaýardy? Bu mowzuk hakynda Täze Ähtde bar bolan resminamalar näme diýýärler? «Mesihiň hudaýlyk aslyýeti» diýen sözleri biz käte-käte eşidýändiris. Beýle diýilmek bilen, Isa Mesihiň Hudaýdygy göz öňünde tutulýandyr. A. H. Stroň özüniň «Ulgamlaýyn teologiýasynda» Hudaýa şeýle kesgitleme berýär: «Bu çäksiz we kämil ruhdyr. Onda ähli bar zatlar özüniň başlangyjyny, hereketlendiriji güýjüni we tamamlanmasyny tapýandyr». Bu kesgitleme dürli imanlylar, ýagny musulmanlar üçinem, induistler üçinem dogrudyr. Teizm Hudaýyň şahsyýetdigine we älemiň Ol tarapyndan oýlanyp, ýaradylandygy hakynda öwredýär. Hudaý ondaky ýaşaýşy goldaýar we şu güne çenli-de oňa ýolbaşçylyk edip gelýär. Mesihi taglymat bu kesgitlemä ýene bir zady: «we Nasyraly Isada teniň bolandygyny» — goşýar. Isa Mesih — bu diňe bir at däldir. Bu derejedir. «Isa» ady grek dilindäki Ýeşuwa (ýa-da Ýoşuwa) adyndan gelip çykýar. Ol terjime edileninde «Biribar-Halasgär» ýa-da «Reb-Halasgär» diýmegi aňladýar. «Mesih» derejesi bolsa grek dilinden alnyp (iwritde ol «Maşiah», Daniýel 9:26), sözme-söz «mesh edilen» diýmegi aňladýandyr. Bu dereje («Mesih») şol bir wagtyň özünde patyşalyk, ruhanylyk wezipelerini göz öňünde tutýar we Isany Köne Ähtiň pygamberleriniň yglan eden ruhany, patyşa hökmünde tassyklaýar. Bu tassyklama Isa we mesihilige çyndan düşünmek üçin aýgytlaýyjy mana eýedir. Täze Äht Mesihi edil Hudaý hökmünde aýdyň beýan edýär. Täze Ähtde Isa degişli bolan atlar diňe Hudaý üçin ýerliklidir. Mysal üçin, şu aşakdaky jümlede Isa Hudaý diýilýändir: «…mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşyp» (Titus 2:13-I Ýahýa 1:1, Ýewreýler 1:8, Rimliler 9:5, 1 Ýahýa 5:20, 21 bilen deneşdir). Ýazgy Isany diňe Hudaýa mahsus bolan häsiýetler bilen beýan edýär. Biz Isanyň ýaşaýyş çeşmesidigini (Ýahýa 1:4; 14:6), Onuň ähli ýerde bardygyny (Matta 28:20; 18:20), ähli zady bilýändigini (Ýahýa 4:16; 6:64, Matta 17:22-27), Onuň gudratygüýçlidigini (Ylham 1:8, Luka 4:39-55; 7:14, 15; Matta 8:26, 27) we ölümsizdigini (1 Ýahýa 5:11, 12, 20; Ýahýa 1:4) bilýändiris. Isa diňe Hudaýa degişli bolan hormaty we seždäni kabul etdi. Şeýtan bilen gürrüň edip, Isa oňa şeýle diýdi: «“Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et” diýip ýazylgydyr» (Matta 4:10). Ýöne Isa şonda-da edil Hudaý hökmünde seždäni kabul etdi (Matta 14:33; 28:9), käwagtlar bolsa hatda Hudaý üçin niýetlenen seždäni talap etdi (Ýahýa 5:23-I Ýewreýler 1:6; Ylham 5:8-14 bilen deňeşdir). Isanyň yzyna eýerijileriň aglabasy ýeke-täk hakyky Hudaýa ynanýan dindar ýewreýlerden durýardy. Olar süňklerine çenli monoteistlerdiler (ýeke Hudaýa ynanýanlardylar — Terjimeçiniň belligi), ýöne şeýle bolsa-da, olar Isada adam teninde gelen Hudaýy boýun aldylar. Aslynda, kim bolsa-da, mugallym bolmaga taýynlanýan we her tarapdan bilimli bolan diňe Saul (Pawlus) Isanyň hudaýlyk aslyýetini boýun almaga we Oňa Reb diýip ýüzlenip, Nasyraly adama tagzym etmäge taýyn bolmaly däldi. Emma hut Pawlus muny boýun alyp, şeýle diýýär: «Özüňize we Reb Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň (Resullaryň işleri 20:28). Şeýle-de, Isa Petrusdan Özüniň kimdigi hakynda soranynda, Petrus şeýle jogap beripdi: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» (Matta 16:16). Isa Petrusyň gelen kararyny diňe bir ret etmän, eýsem ony tassyklady we maglumatyň çeşmesine görkezdi: «Sen bagtlysyň, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr» (Matta 16:17). Isany oňat tanan Marta Oňa şeýle diýipdi: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» (Ýahýa 11:27). Onsoň Nasyrada hiç bir oňat zadyň peýda bolup bilmejekdigine ynanýan Natanaýel Isa bilen eden gürrüňinde şuny boýun alypdy: «…Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» (Ýahýa 1:49). Haçanda Stefanusy daşlanlarynda, ol Rebbi çagyryp: «Ýa Reb, Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýipdi (Resullaryň işleri 7:59). Ýewreýlere ýazylan hatyň awtory Isa Hudaý diýýär: «Ogly hakda: “Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr”» (Ýewreýler 1:8). Ýahýa suwa çümdüriji şu sözler bilen Isanyň aýan bolanlygy hakynda aýdypdy: «Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: “Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn” diýen owaz geldi» (Luka 3:22). Ahyrynda, bizde Tomasyň boýun almasy bar. Ony hemmeler «Ynanmazak Tomas» hökmünde tanaýarlar. Häsiýeti boýunça ol häzirki talyplara meňzeýän bolsa gerek. Ol şeýle diýdi: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn». Men oňa gaty gowy düşünýärin. Häzirki dil bilen aýdanymyzda, ol şeýle diýdi: — Bilýärsiňizmi, ahyrsoňy adamlar ölülerden günde direlmeýärler we özlerini tende gelen Hudaý diýip yglan etmeýärler. Maňa subutnamalar gerek! Tomasyň öz şübheleri bilen şägirtleriň arasynda paýlaşanyndan sekiz günden soň, «gapylar gulply bolsa-da, Isa gelip, olaryň ortasynda durdy-da: — Size parahatlyk! — diýdi. Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: — Barmagyňy bu ýere degir, ellerimi gör, eliňi uzat-da, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol — diýdi. Tomas Oňa: — Rebbim, Hudaýym! — diýdi. Isa oňa: — Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly! — diýdi» (Ýahýa 20:26-29). Şeýlelik-de, Isa Hudaýa bolan ýüzlenmäni Özi üçin kabul etdi. Ol Tomasy onuň seždesi üçin däl-de, ynamsyzlygy üçin höküm etdi. Haýsydyr bir tankytçy, Mesih baradaky bu maglumatlaryň Onuň Özünden däl-de, beýlekilerden gelýär diýip, garşylyk görkezmegi mümkin. Sapak döwründe, talyplar käwagt wajyplylyk bilen maňa şeýle diýýärler, ýagny Isanyň döwürdeşleri edil biziň hem şu wagt Oňa düşünmeýänligimmiz ýaly düşünmeýärdiler. Başgaça aýdanymyzda, Isa Özüni Hudaý diýip hasaplamandy. Isanyň Özüni Hudaý hasaplandygyna mende ýekeje-de şübhe ýok. Meniň bu ynamlylygym Täze Ähtiň aýatlary bilen gönüden-göni esaslandyrylandyr. Şeýle aýatlar gaty kändir we olaryň manylary gaty aýdyňdyr. Bir täjir Isanyň Özüni Hudaý hasaplap-hasaplamandygyny anyklamak maksady bilen, Mukaddes Kitaby uzak wagtlap öwrenipdir. Ahyrsoňy ol şeýle diýýär: — Kim-de kim Täze Ähti okap, Isanyň Özüni Hudaý hasaplandygyny görüp bilmese, onda ol adam ýöne kördür. Eger ondan hem beter bolaýmasa: bu gündiziň aýdyň howasynda köçede aýlanyp, güni görmeýärin diýilmegine barabardyr! Ýahýanyň Hoş Habarynda Isa bilen ýewreý dindarlarynyň arasyndaky gapma-garşylyk beýan edilýär. Isa sabat güni bir syrkawy sagaldyp, oňa şeýle diýýär: — Tur, düşegiňi al-da, ýöre! «Bu işi Sabat güni edenligi üçin ýehudylar Isany yzarladylar, Ony öldürjek boldular. Emma Isa olara: — Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin, — diýip jogap berdi. Şu sebäpden, ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler. Çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi (Ýahýa 5: 16-18). Elbetde, maňa şeýle diýip gaýtargy bermekleri mümkin: — Saklan, Joş, men hem: «Meniň atam şu wagta çenli işleýär, men hem işlärin» diýip bilerin. Bolanda näme? Bu hiç zady hem subut etmeýär. Muňa men şeýle diýip bilerin: her bir resminamany barlagdan geçirmek bilen, bir, hemişe dil hakynda, şol döwrüň medeniýeti hakynda, iň esasy-da — her bir sözüň kime gönükdirilendigi hakynda ýadymyzda saklamalydyrys. Şu ýerde gürrüň ýewreý medeniýeti hakynda gidýär we Isanyň sözleri dindar ýewreýlere gönükdirilendir. Geliň, 2000 ýyl mundan ozal Isanyň aýdan sözlerine ýewreýleriň öz medeniýetinde nähili düşünendiklerine syn edeliň. «Şu sebäpden, ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi (Ýahýa 5:18). Beýle gazaply hereketi näme döretdikä? Ine, näme: Isa «biziň Atamyz» diýmän, «Meniň Atam» diýdi, galyberse-de, Ol «henize çenli işläp ýör» diýdi. Şeýle diýmek bilen, Isa Özüni Hudaý bilen deňeşdirdi we Öz hereketlerini Hudaýyň işleri bilen bir derejede goýdy. Haçanda Ol Hudaý hakynda «Meniň Atam» diýeninde, bu sözlerde ýewreýleriň düşünip bilmedik tassyklamasy jemlenendi. Şeýle-de, heniz Reb işleýärkä, Ol, ýagny Hudaýyň Ogly hem işlär diýmekligi Isa göz öňünde tutupdy. Ýewreýleriň dini serdarlary Onuň sözleriniň manysyna, ýagny Onuň Hudaýyň Ogludygyna aýdyň düşünýärdiler. Netijede olaryň Isa bolan ýigrençleri has-da güýçlendi. Eger olar şu wagta çenli Ony diňe kowmak islän bolsalar, indi öldürmegiň küýüne düşdüler. Isa Özüniň Atasy diýip atlandyran Hudaý bilen ýöne bir deňlige ymtylman, eýsem Ol Özi bilen Hudaýyň bir bütewilikdigini tassyklady. Iýerusalimde ybadathananyň açylyş baýramçylygynda ýewreý serdarlary Isadan: «Sen Mesihmi?» diýip soradylar. Isa olaryň soragyna tassyklaýjy jogap berip, şeýle diýdi: «Atam Ikimiz birdiris» (Ýahýa 10:30). «Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. Isa olara: — Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz? — diýdi. Ýehudylar Oňa: — Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys, — diýdiler (Ýahýa 10:31-33). Isanyň «Atam ikimiz birdiris» diýen sözleriniň döreden hereketiniň güýjüne diňe haýran galsa bolardy. Eger Injiliň grek dilindäki asyl nusgasyna seretsek, bir gyzykly synlama peýda bolýar. Barlag geçiriji A. G. Robertson şeýle diýýär, ýagny «bir» — sözi erkeklik jynsynda[2] däl-de, ortaky jynsdadyr we bu söz esasan ten birligini ýa-da maksatlaryň birligini däl-de, bir aslyýeti ýa-da bir çeşmäni aňladýar. Ol şeýle ýazýar: «Mesihiň Atasy bilen Özüniň (Ogluň) arasyndaky baglanyşyk baradaky tassyklamasy — şu gysga jümlede özüniň ýokarky nokadyna ýetýändir. Şonuň üçin hem fariseýleriň şeýle gahar-gazabyny döredýär». Bu sözleri eşiden adamlarda Isanyň Özüni Hudaý hasaplaýandygyna hiç hili şübhe döretmeýändigi aýdyňdyr. Melburnyň Ridli adyndaky kollejiniň dekany Leon Morris şeýle ýazýar: «Ýehudy serdarlary Isanyň sözlerinde diňe Hudaýa dil ýetirmekligi gördüler we olar höküm çykarmaga girişdiler. Kanun boýunça Hudaýa dil ýetirmeklik daşlap öldürilmeklik bilen jezalandyrylmalydy (Lewiler 24:16). Ýöne olar işiň kanun boýunça alnyp barylmagyny islemediler. Häkimleriň aýyplama esasynda Isa ýerlikli jeza bermekleri üçin ýehudy serdarlary Oňa garşy aýyplama taýýarlamak islemediler. Gahar-gazabyň möwç urýan çagynda, olar hem kazynyň, hem-de kelle kesijiniň işini öz üstlerine aldylar». «Hudaýa dil ýetirenligi» üçin Isa daşlanmak garaşýardy. Elbetde, ýehudylar Isanyň nämäni göz öňünde tutandygyna gürrüňsiz düşünýärdiler. Emma olar hiç bolmanda birsalymlap oýlandylarmyka: belki-de, Ol hakykaty aýdýandyr? Isa Özüniň gelip çykyşynyň we durkunyň Hudaý bilen birdigi hakynda elmydam aýdardy. Ol edermenlik bilen şeýle diýdi: «Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» (Ýahýa 8:19); «Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir» (Ýahýa 12:45); «Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir» (Ýahýa 15:23); «Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir» (Ýahýa 5:23) we ş.m. Isanyň bu sözleriniň bary Onuň Özüni ýöne bir adam däl-de, Hudaýa deň bolandygyny subut edýär. Isa ýöne beýleki adamlaryň ählisinden hem Hudaýa ýakyn bolupdyr diýýän adamlar Onuň ýokarda getirilen sözlerine çuňňur üns bermändirler (Ýahýa 5:23). Bir gezek men Günbatar Wirjiniýanyň uniwersitetiniň edebiýat bölüminde leksiýa okamaly boldum. Leksiýa döwründe oturan professorlaryň biri meniň sözümi böldi: Isanyň Hudaýylygy üç Hoş Habarlaryň iň soňkusy bolup ýazylan Ýahýanyň Hoş Habarynda aýdylýar. Iň birinji ýazylan Markusyň Hoş Habarynda Isanyň Özüni Hudaý diýip hasaplaýandygy hakynda hiç zat hem ýazylmandyr. Bu adamyň hiç haçan Markusyň Hoş Habaryny okamandygy ýa-da okan hem bolsa, onda gaty ünssüz okandygy aýdyň boldy. Jogap edip, men Markusyň Hoş Habaryndaky Isanyň günäleri bagyşlan ýerini açdym: «Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: — Oglum, seniň günäleriň ötüldi, — diýdi (Markus 2:5, şeýle-de, Luka 7:48-50 seret). Ýewreý kanuny boýunça muny diňe Hudaý edip bilýärdi. Işaýa pygamber (43:25) diňe Hudaýyň günäleri bagyşlap bilýänligi hakynda aýdýar. Isanyň bu diýenlerine kanunçylaryň galmagal turuzandyklary ýöne ýerden däldir: — «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek? — diýip, içlerini gepletdiler. Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: — Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz? Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: “Günäleriň ötüldi” diýmekmi ýa-da “Tur, düşegiňi al-da ýöre” diýmek?» (Markus 2:7-9). Uiklifiň düşündirmesine ýüz tutalyň: «Bu soraga jogap bermek mümkin däl. Bu jümleleri deň derejede aýtmak kyn däl, ýöne iş ýüzünde olaryň ikisini hem etmek diňe Hudaýa başardýandyr. Paş edilmekden gorkýan aldawçy, elbetde, birinji jümläni özi üçin saýlardy. Özüne ähli keselleriň sebäbini ýeňmäge mümkinçilik berýän täsin ygtyýara eýedigini hemmeleriň görmekleri üçin, Isa syrkawlary sagaldýardy». Şu üç sözler üçin Ony Hudaýa dil ýetirmeklikde aýypladylar. Bu barada Lýuis Sperri Çeýfer şeýle ýazýar: «Dünýäde ýaşaýan ýekeje mahlukda we häkimlikde günäleri bagyşlamaga hukuk ýokdur. Biziň ählimiziň Onuň garşysyna günä eden Ýeke-täk Birinden başga hiç kim hem günälerimizi bagyşlap bilýän däldir. Haçanda Isa günäleri bagyşlanynda (munuň şeýledigine biziň hiç birimizde hem şübhe ýokdur), Ol adam mümkinçiliklerinden gaty daşa çykypdy. Hudaýdan başga hiç kim hem günäleri bagyşlap bilýän däldir we eger Isa günäleri bagyşlan bolsa, diýmek, Onuň Hudaýdygyna hiç hili şübhe ýokdur». Günäleriň bagyşlanmak pikiri meni uzak wagtlap günüme goýmady: men hiç-de oňa düşünip bilmedim. Bir gezek men filosofiýa bölümindäki leksiýamda Isanyň hudaýlyk aslyýeti barasynda gürrüň etdim we mysal hökmünde Markusyň Hoş Habaryndan aýatlary getirdim. Talyplaryň biri meniň diýenlerime garşy çykyp, Isa tarapyndan berlen bagyşlanmanyň hiç-de Onuň hudaýlyk aslyýetiniň bardygyny subut etmeýändigini aýtdy. Diýersiň welin, Isa ýöne adamyň günäsini bagyşlaýandygyny aýtdy, emma bu Onuň Özüni Hudaý diýip atlandyrandygyny hiç-de aňlatmaýar. Men uzak wagtlap bu talybyň aýdanlary hakynda oýlandym we birden maňa ylham geldi: men näme üçin kanunçylaryň aýaga galandyklaryna düşündim! Elbetde, her bir adam hem maňa: «Men seni bagyşlaýaryn» diýip biler. Emma bu sözleri diňe meniň onuň garşysyna günä eden adamym aýdyp bilýär! Tersine, eger kimdir biri maňa garşy günä etse, men oňa: «Men seni bagyşlaýaryn» diýip bilerin. Emma Isa başga ýagdaýdady ahyryn: syrkaw Ata Hudaýa garşy günä edipdi we Isa Oňa: «Men seniň günäleriňi bagyşlaýaryn» diýýär. Hawa, eger adam biziň göwnümize degse, biz ony bagyşlap bilýändiris, emma Hudaýa garşy günäni diňe Hudaýyň Özi bagyşlap bilýändir. Muny-da Isa etdi. Haçanda Nasyraly nähilidir bir agaç ussasynyň şeýle tassyklamany aýtmaga özüne rugsat bereninde, ýewreý dindarlarynyň aýaga galmaklary geň galar ýaly zat. Isa berlen günäleri bagyşlamak ygtyýarlygy — bu Onuň diňe Hudaýa mahsus bolan häsiýetde çykyş edenliginiň aýdyň mysalydyr. Markusyň Hoş Habarynda Isanyň höküm edilişi beýan edilýär (14:60-64). Ol ýerde Isanyň Özüniň hudaýlyk aslyýeti hakynda aýdýandygy anyk beýan edilendir. «Baş ruhany mejlisiň ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, şeýle diýdi: — Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän güwäligi näme? Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: — Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi? — diýip sorady. Isa: — Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz! — diýdi. Baş ruhany şonda öz egin-eşigini ýyrtyp: — Bize başga güwä nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz? — diýdi». Hemmeler Ony ölüme laýyk jeza bermäge höküm etdiler. Ilki bilen Isa jogap bermejek boldy we baş ruhany Ony kasam etdirdi. Kasam astynda Isa jogap bermäge mejbur boldy (we ahyrynda Onuň jogap berenligi üçin men gaty begenýärin). «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýlen soraga Ol tassyklaýjy jogap berdi. Şeýlelikde, Isa kazyýetde nähili görkezmeler berdi? Birinjiden, Ol Özü hakda Mübärek Hudaýyň Ogly diýdi; ikinjiden, Hudaýyň sagynda oturan diýdi we üçünjiden, Gögüň bulutlary gelýän Ynsan Ogly diýdi. Bu sözler Onuň Mesihdigini gürrüňsiz beýan edýändir. Olaryň ählisine bilelikde seretmek gaty wajypdyr. Mejlis (ýokary ýewreý kazyýeti) Isanyň sözleriniň manysyna oňat düşünýärdi. Hut şunuň üçin hem, baş ruhany egin-eşigini ýyrtyp, şeýle diýdi: «Bize başga güwä nämä gerek?» Isanyň hut Özüniň aýdan sözleri üçin höküm etdiler. Robert Anderson şeýle belläp geçýär: «Iň ynandyryjy subutnamalar — bu duşmançylykly gatnaşykdaky şaýatlaryň görkezmeleridir. Isanyň duşmanlarynyň hereketleri Onuň Özüni Hudaý diýip atlandyrandygy hakynda anyk şaýatlyk edýändir. Gürrüňi gidýän döwürde ýewreýleriň hiç-de ilkidurmuş adamlary ýa-da aň-bilimsiz ýabanylar däldiklerini ýatdan çykarmak gerek däldir: bu beýik medeniýete eýe bolan çuňňur dini halkdy. Hut şu sözler üçin mejlis, ýagny Gamaliýel we onuň beýik şägirdi tarsusly Saul ýaly beýik dini adamlaryň girýän milletiň uly maslahaty Ony biragyzdan ölüm jezasyna höküm etdi». Isanyň bu görkezmeleri Özüniň hususy erki bilen berendigine hiç hili şübhe ýokdur. Sözleriniň bolsa Onuň Hudaýdygyny tassyklaýandygyna ýewreýleriň düşünendikleri has-da aýdyňdyr. Olaryň öňlerinde saýlaw durdy: ýa-da Onuň sözlerini Hudaýa dil ýetirmeklik hasaplamalydylar, ýa-da Onuň Hudaýdygyna ynanmaklyk. Kazylar muňa gaty oňat düşünýärdiler we şonuň üçin hem, Ony haça çüýlediler, onsoň bolsa «Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: “Men Hudaýyň Ogludyryn” diýýärdi» diýip, Onuň üstünden güldüler. Köne Äht boýunça tanymal alym G. B. Suit näme üçin baş ruhanynyň öz egin-eşiklerini ýyrtandygyny düşündirýär: «Kiçi şahsy gapma-garşylyklarda baş ruhanynyň öz egin-eşiklerini ýyrtmaklygy kanun tarapyndan gadagan edilipdi (Lewiler 10:6, 21:10), ýöne baş ruhany kazynyň wezipäsini ýerine ýetireninde, ol Hudaýa dil ýetirilmäniň şaýatkäri bolanynda, däp boýunça hut şeýle hereketler bilen öz elhenjini beýan etmelidi. Onuň üçin indi şaýatkärler tapylarmyka ýa-da ýok diýip aladalanmagyň geregi ýokdy, çünki ele salnan öz günäsini özi boýun aldy». Biz munuň adaty hökümden gaty daşdygyna bireýýäm üns berdik. Ýurist Erwin Linton şeýle ýazýar: «Bu gaty täsin ýagdaý, çünki bu ýerde höküm edilýän pursatynda aýyplanýanyň hereketini däl-de, onuň şahsyýetini derňeýärler. Isa garşy ýöňkelen aýyplama, onuň kazynyň alnyndaky boýun almasy (ýa-da anyk aýdanymyzda, Onuň görkezmesi, ýa-da ondan-da anyk aýtsak — hereketi, galyberse-de, Onuň hut şu boýun almasy esasynda Ony günäli edipdiler), rim baştutanynyň alnyndaky sorag edişlik, Onuň haçyndaky ýazgy we jeza döwründäki gapdaldan geçýänleriň gykylyklary — bularyň bary diňe bir soraga alyp barýarlar: Ol kimkä? «Siz Isa hakynda näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» Nýu-Ýorkly tanymal ýurist bolan Geýnor kazy şeýle diýýär, ýagny mejlis Isany diňe Hudaýa dil ýetirmekde günäkärledi. Onsoň şeýle ýazýar: «Dört Hoş Habarlaryň islendigini okasaňda, Isanyň höküm edilmeginiň günäsi diýlip atlandyrylýanyň Hudaýa dil ýetirilmekdedigi anykdyr: …Ol Özüniň adatdan daşary ygtyýarlyga eýedigini tassyklady, adamzadyň agzynda beýle tassyklama bolsa Hudaýa dil ýetirmeklikdi» (Ýahýa 10:33 seret). «Ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin» diýen sözleri Geýnor göz öňünde tutýar. Adatça adamy onuň eden hereketi üçin höküm edýärler. Isa bilen iş has başgaça boldy: Ony Onuň kimligi üçin höküm etdiler. Özüniň hudaýlyk aslyýetini Isanyň boýun alandygyna düşünmek üçin, kazyýetde diňe şu bir ýagdaý hem ýeterlidi. Onuň kazylary bu boýun almanyň şaýatlary bolupdylar. Galyberse-de, Ony haça çüýlän günleri Onuň duşmanlary Onuň Özüni adam tenine eýe bolan Hudaý diýip yglan edendigini ýatlaýarlar. «Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da kanunçylar we ýaşulylar bilen Ony masgaralap, şeýle diýişýärdiler: — Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli. Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: “Men Hudaýyň Ogludyryn” diýýärdi» (Matta 27:41-43). 2-nji bap. Hudaý, ýalançy ýa-da däli? Şeýlelikde, Isa Özüniň Hudaýdygyny tassyklady. Onuň hususy sözleri — Isa diňe bir ýokary ahlakly adam ýa-da diýeliň, kän çuň manyly sözler aýdan pygamberdir diýýän ynanmazaklaryň tassyklamalarynyň iň oňat ýalana çykarmaklykdyr. Käwagt şu pikir hatda ylmy gözýetim tarapdan kabul edilip bilinjek we dogry netije hökmünde berilýändir ýa-da Injiliň aň-bilimli derňewiniň aýdyň netijesi hökmünde berilýändir. Bela köpleriň bu pikir bilen ylalaşyp, munuň tarapdarlarynyň subutnamalarynyň neneň ýalňyşdyklaryny görmeýänlerinde jemlenendir. Isanyň Özi üçin adamlaryň Ony kim hasap edendikleri gaty wajypdy. Isanyň nähili wagyz edip, Özi hakynda näme diýendigini ýadyňyza salyň! Onuň sözlerinden Ol bary-ýogy ahlakly adam ýa-da pygamber bolupdyr diýlen netijä gelip bolarmy ahyryn? Ýok, ýene bir gezek ýok. Hawa, Isa adamlaryň Özi hakynda şeýle pikir etmegini islemedi. Kembrij uniwersitetiniň professory, geçmişde agnostik bolan K. S. Lýuis bu kynçylykdan başyny gaty oňat alyp çykypdy. Ine, onuň sözleri: «Men Isa hakynda ýygy-ýygydan biderek sözler aýdýan her bir adamyň ýoluny kesesim gelýär. Olaryň beýle çykyşlary şeýleräkdir: “Men Isany durmuşyň beýik mugallymy hökmünde kabul etmäge taýyndyryn. Emma Onuň Hudaý bolandygyna ynanmaýaryn”. Hut şu sözleri hiç-de aýtmagyň geregi ýokdur. Iş ýüzünde ýönekeý ölümli bolup, Isa ýaly geplän her bir adamy durmuşyň beýik mugallymy diýip hasap etmek bolup bilýän zat däldir. Beýle adam ýa-da özüni ýeriň özeni hasaplaýan kesel adamdan oňan bolmadyk dälidir, ýa-da dowzahyň hakyky çagasydyr. Saýlawdan gaçyp, hiç ýere-de gidip bolýan däldir: bu adam ýa-da Hudaýyň Ogludyr, ýa-da ol dälidir, eger ondan hem beter bolaýmasa». Soňundan ol şeýle diýýär: «Ony orny pisihiki keselhanada bolan däli hasaplap bolýandyr, ýüzüne tüýkürip, jyn hökmünde paş edip bolýandyr, şeýle-de, Onuň aýaklaryna ýykylyp, Ony Reb Hudaý hökmünde hormatlamak hem bolýandyr. Iň esasy zat — geliň, Ol diňe bir durmuşyň beýik mugallymy bolupdyr diýen tekepbirlikli samsyklyklar bilen çykyş etmäliň. Ol bize beýle saýlawy galdyrmady. Hatda bu Onuň meýilnamalaryna hem girmeýärdi. Täze Ähtiň tekstlerini tankytlaýjy öwrenmeklige ýigrimi sekiz ýylyny bagyş eden D. J. A. Hort şeýle ýazýar: «Onuň sözleri Onuň Özüniň şeýle ýagdaýda bir bölegidiler welin, hatda eger olara ýöne Hudaýyň adamynyň ýa-da pygamberiň aýdan sözleri ýaly seretseň, onda olaryň hiç bir manysy hem galmaz. Isanyň aýdanlarynda Onuň Özüni aýyrmaklyga synanyşyň: çünki Ol Özüniň aýdan her bir sözleriniň ilkinji şahsyýetidir. Eger aýdylan sözlerinde Isanyň şahsyýeti bolmasa, onda Onuň aýdan ähli sözleri çäge kimin sowlar». Ine-de, tanymal Ýelsk uniwersitetiniň mesihiligiň taryhyny öwredýän mugallym Kennet Skott Laturettanyň sözleri: «Isa diňe bir Özüniň taglymaty bilen meşhur däl, galyberse-de, taryhda Oňa orun üpjün edilmegi üçin bu-da ýeterlidi. Iň esasy zat — bu Onuň taglymaty bilen şahsyýetiniň sazlaşygydyr. Bu taglymat bilen mugallymyň aýry bolmadyk ýagdaýydyr». Soňra ýene-de: «Injili ünsli okan her bir okyjy üçin Isanyň Öz sözlerini Özünden aýry hasap etmändigi aýdyň bolmalydyr. Ol beýik mugallymdy, emma Ol ýöne bir beýik mugallym hem däldi. Onuň Hudaýyň patyşalygy, adamyň özüni alyp barşy we Hudaý hakyndaky taglymatlary gaty wajypdy, ýöne olary Isanyň Özünden aýratynlykda almak mümkin däldir: Isanyň pikiriçe, şeýle aýrylamak olary bar manysyndan hem jyda düşürýändir». Isa Özüniň Hudaýdygy hakynda aýdypdy. Biziň üçin Ol başga hiç hili ýol galdyrmady. Onuň sözleri ýa-da hakykydy ýa-da ýalan: munuň yzysüre, biz bu meseläni çözmäge synanyşmalydyrys. Isanyň Öz şägirtlerine beren soragyna («Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» Matta 16:15) dürli hili edip jogap berip bolýandyr. Ilki bilen, geliň, Onuň tassyklamasy (Onuň Hudaýlygy baradaky) ýalan diýip aýdalyň. Eger ol ýalan bolsa, onda iki ýagdaý bolup bilýändir. Ol munuň ýalandygyny ýa bilipdi, ýa-da bilmändi. Ähli delilnamalary oňatja barlap, bu iki ýagdaýlara seredip geçeliň. Birinji ýagdaý: ýalançy Eger Isa Özüniň Hudaýdygyny bilmedik bolsa, onda haçanda Ol muny tassyklanynda, diýmek Ol aldapdyr we Öz şägirtlerini bilgeşleýin nädogry ýola alyp barypdyr. Ýöne eger Ol ýalançy bolan bolsa, onda munuň üstesine-de Ol ikiýüzli hem bolupdyr: çünki bahasynyň näçe durýandygyna seretmezden, Ol hemmelere elmydam ak ýürekli bolmaklygy buýrupdy. Onda onuň bar taglymaty, bütin durmuşy giden bir ýalanlyga öwrülerdi. Mundan-da beteri: onda Ol şeýtan bolardy, çünki oňa adamlaryň öz durmuşlaryny ynanmaklaryny buýrupdy. Eger Ol dogrudan hem bu ynamy ödäp bilmedik bolsa we muny bilen bolsa, onda Ol ýamanlygyň hakyky özeni bolardy. Ahyrynda, şeýle-de, Ol samsyk bolupdyr: çünki Ony hut Hudaýyň aslyýetine el galdyrany üçin haça çüýläpdiler ahyryn. Isa — durmuşyň beýik mugallymy diýip, käte-käte aýdýarlar. Geliň, aň-düşünjeli oýlanalyň. Öz taglymatynda, has takygy, Özüniň Hudaýlyk aslyýeti taglymatynda Öz şägirtlerini bilgeşleýin aldan adamy nädip beýik mugallym diýip hasap edip bolar? Ýeke-täk aň-düşünjeli netije talap edilýändir: Ol aldady we bilgeşleýin aldady. Emma Isa şeýle seretmeklik biziň göz öňümize getirmelere dogry gelmeýär: beýle düşünje biziň Onuň durmuşy we Onuň taglymatynyň adamzada edýän täsiri bilen hiç-de laýyk gelýän däldir. Çünki Isanyň sözüniň wagyz edilen ýerlerinde adamlar we bütin halklar oňatlyga tarap üýtgediler, ogrular çyn ýürekli boldular, serhoşlar arak içmeklerini taşladylar, ýigrençden doly bolan adamlar ýagşylygyň gaplary boldular, adalatsyzlar adalatly boldular. Özüniň guramaçylykly mesihiligi kabul etmezligi bilen mälim bolan meşhur iňlis taryhçysy Uilýam Lekki şeýle ýazýar: «Kämil gahrymany dünýä aýan etmeklik mesihiligiň ykbalydy, bu gahryman on sekiz asyryň içinde adamlaryň ýüreklerini yşyklandyryp, olary ruhlandyryjy söýgüden doldurdy; bu gahryman ähli döwürlere, halklara, gylyk-häsiýetler we ýagdaýlara täsir edip bildi. Ol özi bilen diňe bir oňatlygyň beýik nusgasyny görkezmän, eýsem bu oňatlyga eýermekligiň güýçli mysaly boldy… Onuň ýönekeý beýan edilen gysga işjeň üç ýyly adamlaryň ruhlanmagy we ýumşamaklary üçin filosoflaryň agtarmalaryndan we ahlakçylaryň wagyzlaryndan hem kän iş etdi». Taryhçy Filip Şaff şeýle diýýär: «Eger Isanyň kazyýetdäki jogaplary hakyky bolmasa, onda olar diňe Hudaýa dil ýetirmek we samsyk bolýandyr. Ýöne birinji şübhe dessine aradan aýrylýar, munuň üçin Isanyň bütin adamzat tarapyndan boýun alnan her bir sözünde, her bir hereketinde beýan edilen Onuň ahlak tämizligi we mertebeligi hakynda ýatlamak ýeterlidir. Şeýle gaty wajyp soragda ähli gatnaşyklarda, şeýle aýdyň we güýçli düşünjede, öz-özüňi aldamak hem aradan aýrylýandyr. Nädip ýönekeý bir janypkeş ýa-da däli elmydam aklyny aýdyň saklap bilerdi. Günüň bulutlaryň üstünde bolşy ýaly, hiç bir howsalasyz ähli belalardan we yzarlanmalardan geçip bildi. Iň bir mekir soraglara her gezek akylly jogap berip bildi, arkaýynlyk bilen, aklynyň aýdyňlygy bilen Özüniň haçdaky ölümini, Mukaddes Ruhuň inmegini, Öz Ýygnagynyň düýbüniň tutulmagyny, Iýerusalimiň ýykylmagyny öňünden aýdyp bilerdi? Bu öňünden aýdylmalaryň bary nokatma-nokat ýerine ýetdi ahyryn! Şeýle adaty bolmadyk, şeýle bütewi, gaty yzygiderli, gaty kämil, adamkärçilikli we şol bir wagtyň özünde, her bir adamzadyň men-menliginiň üstünden üstün bolup bilýän adam ne aldawçy, ne-de adamyň toslamasynyň miwesi bolup bilýändir. Birnäçe ýyl mundan ozal kimdir biri tarapyndan neneň oňat aýdylypdy, şeýle ýagdaýda şahyr öz gahrymanyndan hem gaty beýik bolardy. Başgaça aýdanymyzda, Isany oýlap tapmaklyk üçin Isadan hem gaty beýik bolan adam gerek bolardy». Soňra Şaff Isanyň ýalançy hasap edilmeginiň garşysyna ynandyryjy delilnama getirýär: «Eger kömege aň-düşünjäni, sagdyn pikiri we öz hususy tejribäňi çagyrsaň we şeýle oýlansaň: nädip ýalançy, ýagny ahlaksyz aldawçy we diňe özüni söýüji adam başdan ahyryna çenli özüni taryhda meşhur bolan iň tämiz we mertebeli adam hökmünde görkezmäge gaýrat etdi? Nädip ol şu wagta çenli bolmadyk beýikligi we ýokary pikileri bilen özüniň oňatlyk getiriji meýilnamalaryny amala aşyryp bildikä? Munuň üçin hatda ol öz halkynyň we öz döwrüniň gödek ters pikirlerine seretmezden, öz durmuşyny pida edip bildi?» Eger Isa adamlaryň Öz yzyna eýermeklerini we Özüniň Hudaýdygyna ynanmaklaryny islän bolsa, onda näme üçin ol hut Ysraýyly saýlady? Näme üçin Ol Nasyraly agaç ussasynyň keşbinde adamlara kiçijik ýurtda aýan boldy? Bu ýurduň halky ýeke-täk we aýry bolmadyk Hudaýa ynanýardy. Bu bolsa gaty seýrek duş gelýän ýagdaýdy. Näme üçin Ol Müsüre ýa-da ondan hem oňady Gresiýa gitmedi? Ol ýerlerde adamlar köp hudaýlara ynanýardylar we ol hudaýlaryň peýda bolmaklary üçin ellerinden gelenini edýärdiler. Isanyň durmuşy bilen ýaşan, Onuň sözlerini aýdan we Onuň ölümi bilen ölen adam ýalançy bolup bilýän däldir. Bizde ýene nähili ýagdaýlar galýar? Ikinji ýagdaý: däli Şeýlelikde, Isanyň aldawçydygyny göz öňüne getirip bilmek mümkin däldir. Ýöne eger Ol dogrudan hem Özüniň Hudaýdygyna ynanyp, birden ýalňyşan bolsa näme? Iň päk ýürekli adamlar hem ýalňyşýarlar ahyryn! Göz öňüne getiriň, ýagny ýeke-täk Hudaýa berk ynamda gurlan medeniýetde ýaşaýan adam birden özüniň Hudaýdygyny yglan edýär, galyberse-de, töweregindäkileriň bakyýetdäki ykballary özüniň Hudaýdygyna olaryň ynanyp-ynanmaýanlyklary bagly diýýär. Bu ýöne hyýaldyr ahyryn, sözüň doly manysynda bolsa, samsyk bolgusyzlykdyr. Isa Mesih şeýle samsyga meňzeýärmi? Gadymy döwürlerde özüni Hudaý diýip yglan eden adamy biziň döwrümizde özüni Napoleon diýip hasaplaýan däli bilen deňeşdirip bolýandyr. Elbetde, ol adam azaşýandyr, emma şol bir wagtyň özünde ol akgöwünlilik bilen özüniň ýalňyşlygyna ynanýandyr. Özüne ýa-da hiç kime zyýan ýetirmezligi ony psihiatrik keselhana iberseler gerek. Emma dälilige şaýatlyk edýän hiç hili kadadan çykmaklyk ýa-da deňagramsyzlyk Isada ýok ahyryn. Eger Ol däli diýip aýtsak, onda Onuň rahatlykdan we mertebelikden doly bolan Özüni alyp barşyny nädip düşündirmeli? Noýz bilen Kolb özleriniň medisina mowzugyndaky makalasynda şizofrenik adamy hakykylyga ýüzlenen däl-de, autiki adam ýaly beýan edýändir. Onda näme: özüňi Hudaý hasaplamak — bu, elbetde, hakykylykdan ylgamaklykdyr. Emma eger biziň Isa hakynda bilýän ähli zatlarymyzy ýadymyza salsak, onda Onuň psihiki taýdan keseldigine ynanmak kyndyr. Adamzada tanyş bolan çuňňur pikirleriň ençemesi hut Ol tarapyndan aýdylypdy. Onuň taglymaty adamlary ruhy ýesirlikden azatlyga getirdi. Klark H. Pinnok şeýle sorag berýär: «Belki-de, Ol Özüniň beýikligi hakynda ýalňyşandyr, belki-de, paranoik, şizofrenik bolup, bu hakda Özi bilmän adamlary aldandyr?Ýok! Onuň taglymatynyň çuňlugy we manylylygy diňe sagdyn we aýdyň akyl hakynda aýdýandyr. Biziň hemmämizde hem Onuňky ýaly akyl bolsady!» Biz gezek Kaliforniýanyň uniwersitetinde professor-psihiatryň: «Kesellileriň ençemeleri bilen men ýöne elime Mukaddes Kitaby alyp, olara Isanyň sözlerini okap berýärin — bu bejerişiň iň oňat serişdesi» diýenligi hakynda maňa bir tanyş talyp gürrüň berdi. Psihiatr J. T. Fişer şeýle belläp geçýär: «Eger psihiki gigiýena boýunça iň görnükli psihologlaryň we psihiatrlaryň ähli bar bolan makalalaryny jemläp, olary gysgalgyp, biderek sözlerden arassalasaň, ýagny eger iň asyl manysyny alsaň we eger dünýädäki iň başarjaň şahyr ylmy bilimleriň bu arassa dänelerini gysgaça beýan edip bilsedi, onda netijede Dagdaky wagzyň bary-ýogy iň sada we doly bolmadyk gürrüňi bolardy. Bireýýäm iki müň ýyllap mesihi dünýä öz elinde adamzadyň ähli howsalaly we miwesiz soraglaryna jogap berip bilýän kitaby tutýandyr. Bu… — adamzadyň geljege bolan umytdan, psihiki saglykdan we kanagatlanmadan doly bolan miweli durmuşynyň çartaraplaýyn meýilnamasydyr». K. S. Lýuis şeýle ýazýar: «Taryh üçin Isanyň durmuşyna, taglymatyna we täsirine mesihiligiň özüniň berýän düşündirişinden oňat düşündiriş bermek gaty kyndyr. Eger biz, dogrudan hem Isa Hudaý bolmandyr diýäýsek, onda Onuň ahlak taglymaty bilen teologiki taglymatynyň döreden, beýan edip bolmaýan at-abraýynyň çuňlugy bilen pähim-paýhasynyň arasyndaky bu haýran galdyryjy gapma-garşylyga kanagatlanarly düşündiriş berip bilmedi…» Üçünji ýagdaý: Hudaý Meniň özüm Isanyň ýalançy ýa-da däli bolandygyna ynanyp bilmeýärin. Onda diňe bir ýagdaý galýandyr: Ol Özüniň tassyklaýşy ýaly Mesih, Hudaýyň Ogly bolupdyr. Men bu hakda köplenç iudaizme ynanýanlar bilen gürrüň edýärin. Hemişe olaryň özlerini alyp baryşlaryna syn etmeklik gaty gyzykly. Adatça olar Isanyň ahlakly, adalatly adam bolandygy hakynda, şeýle-de Onuň dini pikirleniji ýa-da pygamber bolandygy hakynda aýdýarlar. Şonda men olara Isanyň Öz-özi barada aýdanlary hakynda gürrüň berýärin we biziň şu bapda gürrüň eden üç ýagdaýymyzy (ýalançy, däli ýa-da Hudaý?) olaryň öňlerinde goýýaryn. Men: «Siz Isany ýalançy diýip hasaplaýarsyňyzmy?» diýip soraýaryn. Jogap edip, men bada-bat aýdylan «Ýok!» sözüni eşidýärin. Onda men indiki soragy berýärin: — Belki-de, Ol däli bolandyr? Adatça jogap hökmünde şeýle sözler eşidilýär: — Elbetde, ýok! — Siz Onuň Hudaýdygyna ynanýarsyňyzmy? — diýip sözümi gutaryp ýetişmänkäm, şeýle sözleri eşidýärin: — Ýok, ömür beýle däldir! Emma başga saýlaw ýokdur!.. Kynçylygyň asyl manysy bu üç ýagdaýlaryň haýsysynyň bize mümkin ýaly görünýändigi däldir: bularyň üçüsiniň hem mümkindigi aýdyň. Sorag şundadyr: bu üç ýagdaýyň iň bolup bilinjegi haýsy? Isa kim bolupdyr diýlen soraga siziň jogabyňyz özüňiz üçin bary-ýogy aklyňyz üçin maşk bolup bilýän däldir. Oňa ýöne bir beýik ahlakçy ýa-da durmuşyň mugallymy diýip bolmaz. Bu ýagdaý mümkin däldir. Üçüsinden biri: ýalançy, däli ýa-da Hudaý. Siz saýlaw etmelisiňiz. «Ýöne bular —Ýahýa resulyň sözleri bilen aýdanymyzda, — siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we — iň esasy, — iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýahýa 20:31). Bizde bar bolan ähli subutnamalar Isanyň Reb Hudaý bolandygy hakynda aýdýandyrlar. Köpler bu subutnamalary ret edýärler, çünki ahlak taýdan netijeleri kabul etmek islemeýärler: eger olar Ony Hudaý diýip boýun alsadylar, onda öz eginlerine düşjek jogapkärçilikden gorkýarlar. 3-nji bap. Ylym babatda nähili? Köpler özleriniň Isa ynanmaýandyklaryny şeýle tassyklama bilen aklamaga synanyşýarlar: «Ylmy tarapdan subut edip bolmaýan zatlaryň bary ýa-da ýalan, ýa-da olaryň üns berler ýaly gymmaty ýokdur». Eger Isanyň Hudaýlyk aslyýetini ýa-da Onuň direlendigini ylmy tarapdan subut edip bolmasa, onda ýigriminji asyryň adamlary, diýäýmeli, gaty bilimli we şonuň üçin hem Mesihi Halasgär hökmünde kabul edip bilmeýärler ýa-da Onuň ölülerden direlendigine ynanyp bilmeýärler. Filosofiýa ýa-da taryh sapaklarynda maňa çakylyk ýaly eşidilýän soragy ýygy-ýygydan berýärler: — Siz muny ylmy taýdan subut edip bilýärsiňizmi? Adatça men şeýle jogap berýärin: — Tebigat ylymlary usuly bilenmi? Ýok. Men fizik ýa-da himik däl ahyryn! Şonda talyplaryň arasynda gülki ýa-da şeýle sesler peýda bolýar: — Onda siz näme isleýärsiňiz? Bar zady biziň ynam bilen kabul etmegimizi?.. (Elbetde, kör ynam göz öňünde tutulýandyr). Ýaňy-ýakynda Bostona uçýarkam, uçarda men goňşym bilen söhbetdeşlik etdim. Men oňa näme üçin Isanyň Özüniň kimdigini aýdandygyna ynanýandygymy düşündirdim. Şol pursat uçaryň biziň oturan bölegimize uçary sürüji geldi. Ol biziň gürrüňimizi eşiden bolmagy ahmal. — Men siziň ornuňyzda bolmak islemezdim! — diýip, ol maňa ýüzlendi. — Näme boldy? — diýip, men ondan gyzyklanyp soradym. — Siz muny ylmy taýdan subut edip bilmeýärsiňiz anyryn! Men häzirki döwrüň adamlarynyň pikirlenişiniň nähili derejä düşendigine haýran galýaryn! Ýigriminji asyryň adamlaryň beýle pikiri nireden aldylar, ýagny ylmy tarapdan subut edip bolmaýan zatlaryň bary ýalan. Emma hut şu pikiriň özi ýalan ahyryn! Galyberse-de, gürrüň taryhy şahsyýet ýa-da ýagdaý hakynda gideninde, onuň näme bolýandygyna seretmezden, ony subut etmek ýönekeý iş däldir. Ilki bilen tebigy-ylmy subutnama bilen biziň taryhy-ýuridiki diýip atlandyrjak subutnamamyzyň arasyndaky tapawudy aýdyňlaşdyrmak wajypdyr. Bu tapawudy düşündirmäge synanyşaryn. Nähilidir bir fakty ylmy taýdan subut etmeklik diýmek — bu näme? Munuň üçin gerek bolan wakany fakty şübhe astyna salýan şahsyýetiň gözüniň alnynda täzeden dikeltmeli. Bu täzeden dilekdiş kesgitli şertlerde geçirilmelidir. Bu şertler hemişe bargap etmäge, syn etmäge mümkinçilk bermelidir, maglumatlary we gipotezleri empiriki taýdan hasaba almalydyr. «Özleriniň kesgitlemeleriniň dürlüliklerinde, subutnamanyň ylmy usullary hadysalaryň we amala aşyrylan tejribeleriň ölçelmegine ýa-da gaýtadan syn etmeklige alnyp barylýandyr («Britannika» ensiklopediýasy). Ylymlar doktory, ady belli Garward uniwersitetiniň müdiri Jeýms Konant şeýle ýazýar: «Ylym — bu tejribeleriň we syn etmeleriň netijesinde dörän görkezmeleriň we pikirde aýlanan gurnawlaryň bir-birleri bilen berk baglanyşykly bolan zynjyrydyr. Geljekki tejribelerde we syn etmelerde olara bil baglap bolýandyr». Nädip alymlar ol ýa-da başga tassyklamanyň dogrulygyny barlaýarlar? Munuň üçin barlag edip bolýan tejribeler geçirilýändir. Hut şunda hem häzirki tebigy-ylmy usul esaslanandyr. Mysal üçin, kimdir biri şeýle tassykla aýdýar: «“Aýwori” kysymly sabyny suwda çümmeýär». Men bu adamy ýuwunýan otaga alyp barýan, legeni ýyly suwdan doldurýaryn we sabyn bölegini suwa goýberýärin. Gulk-gulk! Syn etmeklik geçirildi, maglumatlar hasaba alyndy we teklip empiriki taýdan barlanyldy: şeýle şertlerde şu sabyn suwda çümmeýär. Emma gyzykly zat şundadyr: eger tebigy-ylmy usul subutnamanyň ýeke-täk usuly bolsady, onda siz özüňiziň şu gün birinji sapakda bolandygyňyzy nädip subut edip bilerdiňiz? Ýa-da özüňiziň günortanlyk nahar edinendigiňizi nädip subut etjek? Çünki bu wakalary barlag edilip bolunýan şertlerde gaýtalap bolýan däldir ahyryn! Näme etmeli? Ine şu ýerde siz taryhy-ýuridiki diýlip atlandyrylýan usula ylgamaklyga doly hukuklysyňyz. Biziň ýagdaýymyzda kesgitli faktyň bardygyna bolan şübheleriň hiç hili esaslandyrylan däldigini görkezmek ýeterlidir. Başgaça aýdanymyzda, «höküm» degerli «subutnamalaryň» esasynda çykarylýandyr. Bu diýmeklik, kabul edilen karar esaslandyrylan şübheleri döretmeýär. Ol şaýatlaryň görkezmelerine baglydyr. Görkezmeleriň üç görnüşini tapawutlandyrýarlar: dilden berlen güwälik, ýazylan güwälik we maddy deliller (mysal üçin, ýarag, ok ýa-da depder). Geçmişde bolup geçen wakany barlamagyň ýuridiki usulyny ulanyp, siz şu gün irden sapakda bolandygyňyzy ynamlylyk bilen subut edip bilersiňiz: sizi dostlaryňyz gördüler, siziň depderiňizde ýazgylar bar, sizi mugallymlar ýatlarynda saklady. Tebigy-ylmy usuly diňe gaýtalanýan hadysalary subut etmek üçin ulanyp bolýandyr. Emma haçanda taryhy şahsyýet ýa-da waka barada bir zady subut etmeli (ýa-da ýalana çykarmaly) bolanynda, bu ýerde tebigy ylymlar hiç hili kömek edip bilýän däldir. Şu aşakdaky ýaly soraglara jogap tapmaklyk üçin bu ylymlaryň usullary laýyk gelýän däldir: «Wilýam Şekspir bolupmy?» «Martin Lýuter King rahat hukuklary üçin göreşipmi?» «Nasyraly Isa kim bolupdyr?» «Iwan Groznyý öz ogluny öldüripmi?» «Isa Mesih ölülerden direldimi?» Bu soraglaryň bary tebigy-ylmy subutnamadan başda durýandyr. Olary ýuridiki subutnamalaryň täsirine duçar etmelidir. Başga sözler bilen aýdanymyzda, synlamalara, maglumatlaryň ýazgylaryna, gipotezleri öňe çekmä, netije çykarma we tejribe barlaglaryna esaslanan ylmy usul şu aşakdaky ýaly soraglara anyk jogap berip bilýän däldir: «Siz ölülerden direlmegi subut edip bilýärsiňizmi?» ýa-da «Isanyň Hudaýyň Ogludygyny nädip subut etmeli?» Haçanda adamlar taryhy-ýuridiki usula ýüzlenenlerinde, olar şaýatlyklaryň dogrudygyny subut etmeli bolýarlar. Mesihilik aýratynam näme bilen meni özüne çekýändigini bilýärsiňizmi? Onuň (ýagny mesihiligiň) nähilidir bir kör we nadan ynam bolman, akyla laýyk ynam bolanlygy bilendir. Mukaddes Kitapda her gezek kimdir biri öz ynamyny görkezmeli bolanynda, gürrüň akyla laýyk ynam hakynda gidýändir. Isa şeýle diýdi: «Siz hakykaty bilersiňiz» (Ýahýa 8:32). Ol: «Nadanlykda galmarsyňyz» diýmedi. Bir gezek Isadan: «Kanunyň iň uly parzy haýsy?» diýip sorapdylar. Onuň nähili jogap berendigi siziň ýadyňyzdamy? «Hudaýyň Rebbi bütin kalbyň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin düşünjäň bilen söý». Meniň pikirimçe, köp imanlylaryň kynçylygy, ine, nämede jemlenendir: olarda ynam diňe ýürekde ýaşaýandyr, Mesih hakyndaky faktlar bolsa olaryň aklyna ýetýän däldir. Bize Hudaýy tanamak üçin Mukaddes Ruh tarapyndan täzelenen aň berlendir; Ony söýmek üçin ýürek berlendir; Ony saýlamak üçin bolsa erk berlendir. Hudaýy alkyşlamak, Ony mümkin boldugyndan çuňňur tanamak üçin biz şol bir wagtyň özünde üç ölçegde ýaşamalydyrys. Sizde nähilidigini bilmeýärin, emma meniň aklymyň terk edenine ýüregim şatlanyp bilmeýär. Meniň ýüregim bilen aňym bir-birleri bilen sazlaşykda ýaşamagy üçin döredilendir. Isa edil Halasgär we Reb hökmünde ynanmak üçin heniz hiç kimden hem aň babatynda öz-özüni öldürmek talap edilen däldir. Indiki baplarda biz Isa hakyndaky ýazuw we dil şaýatlyklarynyň neneň dogrudyklaryna syn ederis. 4-nji bap. Mukaddes Kitap: oňa bil baglap bolarmy? Täze Äht — bu Isa hakyndaky taryny maglumatlaryň esasy çeşmesidir. Hut şunuň üçin hem Mukaddes Kitap dokumentleriniň dogrulygyny şübhe astyna salmaklyk üçin 19 we 20-nji asyrlarda ençeme synanyşyklar edildi. Dogry däl diýip aýdylýan aýyplamalaryň hiç hili taryhy esaslarynyň ýokdugyna seretmezden, bu akym henize çenli hem saklanan däldir. Galyberse-de, ol aýyplamalaryň ençemeleri arheologik barlaglar we açyşlar arkaly bireýýäm ýalana çykarylandyr. Bir wagt men Arizon uniwersitetinde leksiýa okapdym. Mawy asman astyndaky leksiýa-gürrüňdeşlikden soň meniň ýanyma edebiýat mugallymy geldi, ol bu gürrüňdeşlige öz talyplaryny alyp gelipdi. Ine, ol maňa şeýle diýdi: — Gadyrly professor Makdauell, siziň Isa baradaky ähli tassyklamalaryňyz 2-nji asyryň ýeke bir dokumentine esaslanandyr. Bu taryhy däl. Hut şu gün men talyplaryma Täze Ähtiň Isanyň durmuşy hakynda hiç hili-de anyk beýannama berip bilýän däldir diýip düşündirdim: çünki ol has giç ýazylandyr ahyryn. Men oňa şeýle jogap berdim: — Gadyrly işdeş, Täze Äht baradaky siziň güşünjeleriňiz 25 ýyla könelipdir. Professoryň Isa hakyndaky Mukaddes Kitabyň ýazgylaryna bolan garaýşy Mukaddes Kitaby tankyt ediji bolan nemes F. Baurdan alnandyr. Baur şeýle diýýärdi, ýagny Täze Ähtiň köp bölegi biziň eramyzdan öň 2 asyryndan öň ýazylan däldir. Ilki bilen, ol Täze Ähte edil Isanyň durmuşyny kagyzlarda ýazylanyndan aýyrýan, uzak wagtlaryň içinde ýazylyp ýygnalynan toslamalaryň we rowaýatlaryň üýşmeleňi ýaly seredipdir. Ýöne bireýýäm 20-nji asyryň başlarynda arheologlaryň tapyndylary Täze Ähtiň dogrulygy tassykladylar. Täze açylan gadymy papiruslar (biziň eramyzdan öň 130-njy ýyldaky Jon Rilandyň golýazmasy, biziň eramyzdan öň 155-nji ýyldaky Çester Wittiniň papirusy we biziň eramyzdan öň 200-nji ýyldaky Bodmer papiruslary II) Mesihiň durmuşy bilen soňky döwürleriň öňden bäri tanyş bolan golýazmalarynyň baglaşdyryjy zynjyry boldy. Millar Barrouz (Ýelsk uniwesiteti) şeýle ýazýar: «Täze Ähtiň grek dilini täze açylan papiruslaryň dili bilen deňeşdirmek, beýlekileriň arasynda, Täze Ähtiň tekstleriniň bize hiç hili ýoýmasyz ýetendigine bolan ynamlylygy berketdi». Ady bütin dünýä meşhur bolan arheolog Uilýam Olbraýt şeýle ýazýar: «Bireýýäm şu wagt biz doly ynamlylyk bilen şuny tassyklap bilýändiris: Täz Äht kitaplarynyň ýekejesiniň-de biziň eramyzyň 80-nji ýylyndan soň ýazylandygy hakynda hiç hili-de çynlakaý esas ýokdur, ýagny bu kitaplaryň bary biziň döwrümizde Mukaddes Kitabyň iň tankytçylary tarapyndan kabul edilen biziň eramyzdan öň 130-150-nji ýyllardan hem doly iki nesil öň ýazylypdyr». Ol bu tassyklamasyny «Mesihilik şu gün» («Krisçianiti Tudeý») atly žurnalyna beren söhbetdeşliginde ýene bir gezek aýdýar: «Meniň pikirimçe, Täze Ähtiň ähli kitaplary suwa çümdürilen ýewreýler tarapyndan biziň eramyzyň I asyrynyň 40-80-nji ýyllarynyň içinde ýazylan (50-nji we 70-nji ýyllaryň arasynda bolmaklygy has hem gümany)». Islendik arheologdan: «Şu wagta çenli ýaşanlaryň içinde kim beýik arheolog hasaplanýar diýip?» soraň. Size jenap Uilýam Ramsiniň adyny aýdarlar. Ol nemes taryhy mekdebine degişlidi. Bu mekdep Täze Ähtiň «Resullaryň işleri» kitabyny biziň eramyzyň 2-nji asyryna degişli diýip hasaplaýarlar, ýöne bu kitabyň özüniň aýtmaklygyna, ýagny onuň 1-nji asyrda ýazylandygyna olar üns hem bermeýärler. Resullaryň işlerini okan tankytçylaryň pikirleri bu kitapdaky wakalaryň beýan edilen döwri (biziň eramyzyň 50-nji ýyllary) ynamy ödemeýär diýip Ramsini ynandyrýardylar. Şonuň üçin hem bu kitap taryhçynyň ünsüne mynasyp däl diýerdiler. Şu sebäpli hem, özüniň Kiçi Aziýanyň taryhyny barlaglarynda ol Täze Ähte hiç hili üns hem bermeýär. Ýöne ahyrynda, öz işiniň döwründe ol Lukanyň ýazgylaryna ýüz tutmaly bolýar. Ol taryhy wakalaryň gaty takyklygyna üns berýär we ýuwaş-ýuwaşdan onuň Resullary işleri kitabyna bolan garaýşy üýtgedi. Ol ahyrynda boýun alyp, şeýle diýýär: «Lukanyň gaty ökde taryhçydygyny… Bu awtor iň beýik taryhçylar bilen bir hatarda durmaly». Hut ownuk bölejikleriň takyklygy Resullaryň işleriniň 2-nji asyrda ýazylyp bilinmändigine, ýagny munuň 1-nji asyryň dokumentidigine Ramsini ynandyrdy. Biziň döwrümizde liberal barlagçylaryň ençemeleri Täze Ähtiň has irki senelendirilmegi bilen ylalaşmaga mejburdyrlar. D-r Jon Robinson özüniň «Täze Ähtiň täze senelendirilmesi» atly kitabynda gaty batyrgaý netijelere gelýär. Öz barlaglary döwründe, ol bütin Täze Ähtiň Iýerusalimiň ýykylmagyndan öň (biziň eramyzyň 70-nji ýyllarynda) ýazylandygy netijesine gelýär. Biziň döwrümizde «formal tankytçylar» diýilýänleriň wekilleri şeýle tassyklaýarlar, ýagny Täze Ähti düzen materiallar tä Injil görnüşine eýe bolanyna çenli, dilden-dile geçip gelipdir. Tankytçylaryň wagtlaýyn bölünmäniň özleriniň şu wagta çenli hasaplanlaryndan gaty az bolandygyny boýun alýandyklaryna seretmezden, olar şonda-da Injiliň beýannamasynyň halk döredijilik (ýagny rowaýat, erteki, toslama ýa-da tymsal) görnüşine eýedigine ynamlydyrlar. Halk döredijilik ösüşiniň garşysyna bolan iň wajyp gural şunda jemlenendir, ýagny bu tankytçylaryň gürrüňini edýän materiallardaky üýtgeşikleriň ählisiniň peýda bolmaklary üçin dilden aýdylan materialy geçirmeklik döwri (tankytçylaryň muny kesgitleýişleri ýaly) gaty gysga bolupdyr. Ine, Täze Ähtiň ýazylmagyna sebäp bolan wagtlaýyn aralygyň gysgalygy hakynda Dort kollejinde Mukaddes Kitaby okadýan mugallym Saýmon Kistemeýker näme diýýir: «Gadymy halklarda halk döredijiliginiň ýygnalmagy — bu elmydam ýüzýyllyklara uzalyp gidýän ýuwaş ýagdaýdyr. Ol ençeme we ençeme nesilleriň gatnaşmagyny talap edýändir. Eger-de «formal tankytçylary» diňleseň, onda hoş habar taryhlary diňe bir nesliň döwründe bolup, ýaradylypdyr we ýygnalypdyr! Hoş habarlaryň aýratyn bölekleriniň döredilmegi olarda wagt içinde gysylan nähilidir bir gaty hereketli ýagdaýa öwrülýär». Öň Dublin uniwersitetinde dini taglymatlar professory A. H. Mak-Nil formal tankytçylaryň öňe süren dil boýunça ösüş gipotezasyny ýalana çykarýar. Ol şol tankytçylaryň Isanyň sözleriniň saklanyş däbine üns bermeklerine görkezýär. Eger Korintoslylara ýazylan haty 7:10, 12, 25 ünsli okasaň, onda Isanyň sözleriniň ünsli ýatlanylandygyny, ýagny Onuň sözlerini ýazmaklyk däbiniň bardygyny aýdyň görmek bolýar. Ýewreý dininde okuwçynyň öz mugallymynyň sözlerini ýat tutmaklyk dessury bardy. Oňat okuwçy «ýekeje-de damjanyň akmaýan möhür basylan jama meňzeş» (Mişna, Abot, II, 8). K. F. Býorniniň nazaryýetine laýyklykda («Biziň Rebbimiziň şygary»), Isanyň sözleri arameý dilindäki goşgular görnüşinde geçirilipdir — şeýdip olary ýatlamak aňsatdy. Günbatar Miçigandaky Uniwersitetiň gadymy taryh professory Pol Maýer şeýle ýazýar: «Mesihilik pesah toslamasyny ýüzýyllyklaryň içinde emele getiripdir ýa-da çeşmeler wakalardan ençeme wagt soň ýazylypdyr diýlen tassyklama ýöne faktlara laýyk gelmeýär». Formal tankydy derňäp, U. Olbraýt şeýle ýazýar: «“Formal tankytçylaryň” Injili gabaýyşlary ýaly, ne taryhy usula, ne-de taryhy daşdan görüjilige eýe bolmadyk diňe häzirki gumanitarçylary spekulýatiw oýlanmalaryň şeýle torlaryny örüp bildiler». Olbraýtyň özüniň pikiri boýunça, «ýigrimi ýa-da hatda elli ýyl — Isanyň aýdanlarynyň manysynyň ýa-da Onuň anyk sözleriniň nähilidir bir azajyk hem ýoýulmalara sezewar bolarlary ýaly, gaty gysga möhletdir». Kimdir biri bilen men Mukaddes Kitap hakynda gürrüň edenimde, köplenç şeýle gülki bilen aýdylan bellikleri eşidýärin: — Mukaddes Kitaba ynanyp bolarmy näme? Ol 2000 ýyla golaý mundan ozal ýazylypdyr ahyryn. Onda ýalňyşlyklar we gapma-garşylyklar gaty köp. Şeýle gürrüňdeşlerime men hemişe şeýle diýýärin: — Meniň özüm Mukaddes Kitaba bil baglap bilýärin diýip hasaplaýaryn. Onsoň men taryhçy-talyplara leksiýa okan pursatymdaky özüm bilen bolup geçen wakany beýan edýärin. Şol leksiýa wagtynda men olara şeýle diýipdim, ýagny Täze Ähtiň hakykylygyna gadymy kitaplaryň islendik onusy üçin bilelikde getirilen subutnamalardan hem köp subutnama getirse bolar. Olaryň professory bir burçda oturyp, gülümjireýärdi we öz içinden şeýle diýýän ýalydy: — Goýsaňyzlaň, ýöne degişme! Şonda men ondan şeýle soradym: — Siz näme üçin gülümjireýärsiňiz? Ol bolsa maňa jogap berdi: — Bilýärsiňizmi, taryhçylara Täze Ähtiň dogrulygy hakynda aýtmaklyk — bu ýöne bihaýalykdyr! Men özüme nähilidir bir şeýle geň galdyrmalary aýdanlarynda, gaty halaýaryn: şeýle ýagdaýda men şol bir soragy berýärin (we şu wagta çenli bir gezek hem degerli jogaby eşitmedim). Men onda şeýle diýip soradym: — Haýyş edýärin, aýtsaňyzlaň, ine siz — taryhçy; edebi ýa-da taryhy eseriň näçe takyk ýa-da hakykylygyny kesgitlemek üçin siz nähili ölçegleri ulanýarsyňyz? Iň gyzyklysy — bu ol professorda hiç hili ölçegiň tapylmandygy boldy. Men bolsa olar bardy we olar hakynda oňa gürrüň berdim. Meniň pikirimçe, Mukaddes Kitabyň hakykylygy we dogrulygy islendik bir taryhy dokumentiň barlagy üçin ulanylýan ölçeg bilen barlanmalydyr. Harby taryhçy K. Sanders taryhy ölçegiň üç sany düýbüni tutujy esaslaryny beýan etdi we olary düşündirdi. Bu — bibliografik barlag, içki görkezmeleri barlamak we daşky görkezmeleri barlamak. Bibliografik barlag Bibliografik barlag bize ýeten dokumentlerdäki tekstleriň yzygiderliligine üns bermekligi özünde jemleýär. Başga sözler bilen aýdanymyzda (haçanda bize asyl nusga bolmanynda), bizde bar bolan nusgalar neneň anyk: golýazma çeşmeleriň näçe sanysy bar we biziň elimizdäki nusgalary asyl nusgadan näçe wagt aralygy aýyrýar. Täze Ähtiň golýazma çeşmeleri bilen biziň neneň baýdygymyzy anyklamak gaty ýeňil: ony bar bolan islendik gadymy tekstler bilen deňeşdirmek ýeterlidir. Fukididiň «Taryhy» (biziň eramyzdan öň 460-400-nji ýyllar): bizde onuň bary-ýogy sekiz golýazmasy bar. Olar takmynan biziň eramyzdan öň 900-nji ýyl bilen, ýagny onuň ölüminden soň 1300 ýyl bilen senelendirilendir. Gerodotyň «Taryhynyň» golýazmalary hem şeýle seýrekdir. Olar hem giçki wagt bilen senelendirilýändir. Ýöne şonda-da F. F. Brýusyň aýdyşy ýaly, «bize mälim bolan eserleriniň asyl nusgadan 1300 ýyl aýry bolanlygy sebäpli, filolog-klassikleriň hiç birleri-de Gerodot bilen Fukididiň hakykylygyny şübhe astyna salmaýarlar». Aristotel özüniň «Poetikasyny» takmynan biziň eramyzdan öň 343-nji ýylda ýazypdy, bize mälim bolan iň irki nusgasy bolsa biziň eramyzyň 1100-nji ýyly bilen senelendirilen: arasyndaky aýralyk 1400 ýyla golaý we bary-ýogy bäş golýazmasy bar. Sezar özüniň «Gall uruşlarynyň taryhyny» biziň eramyzdan öň 58-nji we 50-nji ýyllaryň arasynda ýazypdyr we onuň hakykylygy 1000 ýyldan soň edilen dokuz ýa-da on nusgalaryň esasynda tassyklanýar. Tersine, bu işler bilen deňeşdirilende, Täze Ähtiň golýazmalarynyň baýlygy ýöne geň galdyryjy ýaly bolup görünýär. Isanyň döwri bilen biziň eramyzyň ikinji asyrynyň arasyndaky boşlugy doldurýan irki papiruslar bireýýäm aýan bolanyndan soň, beýleki golýazmalaryň hem ençemesi tapyldy. Şu gün bize Täze Ähtiň golýazmalarynyň 20000-inden hem gowragy mälimdir. Deňeşdirme üçin: meşhur «Illiadanyň» 643 golýazmasy belli; golýazma çeşmeleri boýunça ol Täze Ähtden soň ikinji orny tutýar. Britan Muzeýiniň öň müdiri we baş bibliografy bolan jenap Frederik Kenion golýazmalar ylmynda özüne laýyk geljek bäsdeşe eýe bäldir. Aşakdaky tassyklama hut oňa degişlidir: «Şeýle ýagdaýda ilkinji çeşmäni bize mälim bolan iň irki nusgadan aýyrýan wagt boşlugy şeýle bir ulu welin, oňy äsgermezlik edip bolýandyr. Mukaddes Kitabyň bize özüniň ýazylan görnüşinde, ýagny ähli bar bolan böleklerinde ýetendigine mundan beýläk hiç hili şübhe bolup bilýän däldir. Täze Ähtiň kitaplarynyň hakykylygy we birligi ahyryna çenli kesgitlenen diýip hasap edip bolýandyr». Täze Ähtiň grek dili boýunça hünärmeni bolan J. Garold Grinli şeýle diýýär: «Alymlaryň gadymy klassikleriň eserlerini edil hakyky we dogry hökmünde kabul edýändikleri sebäpli (bize ýeten bu eserleriň iň irki golýazmalarynyň asyl nusgalaryndan ençeme asyr soň ýazylandygyna we şeýle nusgalaryň gaty azdygyna seretmezden), Täze Ähtiň hem hakykylygynyň kesgitlenendigini boýun alyp bilýändiris». Täze Ähte bibliografik ölçegi ulanmaklyk bizi ynandyryjy netijelere getirýär: golýazmalarynyň sany boýunça ol gadymy döwrüň islendik edebi eserinden hem gaty üstün çykýandyr. Eger muňa yzy üzülmedik teologik barlaglaryň 100 ýylyny goşsaň, onda biziň Täze Ähtiň hakyky tekstine eýedigimizi batyrgaýlyk bilen tassyklap bolýandyr. Içki görkezmeleri barlamaklyk Bibliografik barlag heniz diňe bir zady görkezdi: bizdäki bar bolan tekst asyl nusgadakysyndan hiç-de tapawutlanýan däldir. Emma ýazylan maglumatlara nähili derejede ynanyp boljakdygyny barlamaklyk entek bize garaşýandyr. Bu içki görkezmeleriň barlagydyr, ýagny K. Sandersiň sistemasy boýunça ikinji ölçeg, dokumentiň taryhydygynyň ikinji barlagy. Bu tapgyrda edebi tankytçy Aristoteliň düzgünden ugur alýar: «Bar bolan şübheler tankytçynyň öz pikiriniň peýdasyna däl-de, dokumentiň peýdasyna çözülmelidir». Başgaça aýdanymyzda, Jon U. Montgomer boýunça şeýle bolýar: «Barlagy edilýän dokumentiň tassyklamalaryna gulak asylmalydyr; eger diňe awtor gapma-garşylyklar we bellenen ýalňyşlyklar bilen özüni abraýdan düşüren bolmasa, onda ýalňyşlyk we galplyk bilen öňünden dörän sebäbe görä hereket edilmeli däldir». Çikago uniwesitetiniň öň taryh boýunça professory doktor Lui Gottşalk taryhy barlaglarda giňden ulanylýan gollanmasynda öz usulyny beýan edýär. Gottşalk «awtoryň ýa-da şaýatkäriň hakykaty geplemeklik ukybynda» saklanýar. Bu ukyplylyk taryhça habaryň hakykylygyny bilmeklige kömek edýär, «hatda eger bu habar güýç ýa-da galplygyň ulanylmagy netijesinde alnan hem bolsa, ýa-da başga bir gatnaşykda ynamy ödemeýän dokumentde hem bolsa, ýa-da gözleri bilen görmän, diňe eşidilen şaýatlyklara esaslanan hem bolsa, ýa-da dogruçyl bolmadyk şaýatdan alnan hem bolsa». Bu «hakykaty aýtmaklyk ukyby» şaýatkäriň beýan edilýän wakalar geografik we wagtlaýyn ýakynlygyna berk baglanyşykda durýandyr. Täze Ähtdäki Isanyň durmuşynyň ýa-da taglymatynyň beýannamasy ýa-da öz gözleri bilen görenleriň, ýa-da öz gözi bilen görenlerden eşiden adamlar tarapyndan ýazylandyr. Luka (Lk. 1:1-3): «Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler. Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp, seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin, ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim». Petrus (2 Petrus 1:16): «Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýeremedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük». Ýahýa (1 Ýahýa 1:3): «Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir». (Luka 3:1) — «Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy». Beýan edilen wakalara bolan şeýle ýakynlyk şaýatlar tarapyndan edilen tassyklamalary barlamaklyk üçin gaty wajyp esasdyr. Ýöne taryhçy wakanyň has ýanynda bolubam, bilgeşleýin ýa-da özi bilmän ýalan maglumatlary berýän, ýa-da hakykaty aýtmaklyga mümkinçiligi bolubam, ony aýtmadyk şaýatlar bilen hem iş salyşmaly bolýandyr. Täze Ähtde Mesih barada ýazylan gürrüňler Ony diri wagtyndaky gören adamlaryň döwründe elden ele geçýärdi. Elbetde, bu gürrüňleriň takyklygyny şol adamlaryň tassyklap ýa-da ýalana çykaryp biljekdiklerine hiç hili şübhe ýokdur. Resullar Hoş Habary wagyz edenlerinde, Isa hakynda aýtmaklary bilen (hatda olar özleriniň iň gazaply garşydaşlary bilen duşuşmaly bolanlarynda hem) olar hemmelere tanyş bolan zatlara daýanýardylar. Olar diňe: «Biziň özümiz gördük ahyryn» we «Biziň özümiz eşitdik ahyryn» diýmediler, olar duşmanlarynyň ýüzlerine: «Siz hem bilýärsiňiz», «Siziň özüňiz muny gördüňiz, siziň özüňiz hem bilýärsiňiz» diýip, öz tärlerini üýtgedýärdiler. Eger adam özüniň gürrüňini edýän zadyny duşmanynyň dogrudan hem görendigine ynamly bolmasa, onda ol oňa: «Siziň özüňiz hem muny bilýärsiňiz» diýmejekdigi aýdyňdyr: adam has bir ownuk zatlarda özüne ýalňyzmaga ýol beräýse, onda bu ýalňyşlyk onuň üçin gaty gymmat bolar. (Resullaryň işleri 2:22) — «Eý ysraýyllylar, bu sözleri diňläň! Nasyraly Isa Özi arkaly Hudaýyň araňyzda döreden gudratlary, mugjyzalary we alamatlary bilen size Hudaý tarapyndan tassyklanan bir adamdy. Öz bilşiňiz ýaly…» (Resullaryň işleri 26:24-28) — Ol şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: — Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni dälilige eltipdir, — diýdi. Pawlus oňa şeýle jogap berdi:— Eý, hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas sözlerini aýdýaryn. Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl, — diýdi». Ine, Mançester uniwersitetiniň Mukaddes Kitap tankydynyň we ekzegetikasynyň professory F. F. Brýus Täze Ähtiň taryhy ilkinji çeşmedigi hökmündäki gymmaty hakynda näme diýýär: «…ilkinji wagyzçylara diňe bir dostlukly şaýatlar bilen iş satyşmak miýesser etmändi: oňat arzuwly bolmadyk beýlekiler hem bardy we olaraIsanyň durmuşy we ölümi gaty oňat tanyşdy. Şägirtler ýöne takyk bolmazlygy özlerine rugsat edip bilmezdiler (ýagdaýlary bilgeşleýin ýoýmaklyk hakynda gürrüň hem edesi ýokdur): hut şu pursata garaşyp oturan adamlar olary dessine paş ederdiler. Tersine, birinji wagyzlaryň güýji resullaryň diňleýjileriň maglumatlydyklaryna daýanmaklarynyň ynamlylygynda jemlenendi: olar diňe bir: «biz şaýatlar bolupdyk» diýmediler, eýsem olar: «öz bilşiňiz ýaly» diýýärdiler. Eger-de olar birden nähilidir bir bolup geçen maglumatdan daş gitsediler, onda duşmançylykly bolan şaýatlaryň şol ýerde bolmaklary maglumatlaryň dessine düzedilmegine hyzmat ederdi». Lorens Mak-Ginli (Sent Piter Kollej) ýazma şaýatlyklary barlanda, duşmançylykly taraplaryň orunlary barada şeýle diýýär: «Ilki bilen: haçanda däbe giren beýannama doly düzüleninde, entek bu wakalaryň şaýatkärleri diridiler. Bu şaýatlaryň arasynda bu täze dini herekete düýbünden garşy bolanlar hem bardylar. Muňa garamazdan, däp şeýle tassyklaýar, ýagny ähli tanyş bolan işler we taglymaty açyk wagyz edilmegi baradaky gürrüňler islendik ýalan tassyklamalaryň ýalana çykarylyp bilinýän (ýa-da çykarylan) wagtynda bolup geçipdirler». Täze Ähtiň barlagçysy Robert Grant (Çikago uniwersiteti) şeýle netijä gelýär: «Sinoptiki Hoş Habarlaryň ýazylan döwri (ýa-da hiç bolmanda, olar hut şol wagt ýazylypdyr diýip güman edip bolýar) entek öz gözleri bilen gören adamlar diridiler we olaryň şaýatlyklaryny ýöne hasaba alman bolmaz… Bu diýmeklik, Hoş Habarlara Isanyň durmuşy, ölümi we ölülerden direlişi hakynda gürrüň berýän ynamy ödeýän dokument hökmünde seretmelidigini aňladýar». Bilimi boýunça taryhçy-barlagçy bolan Uill Dýurant öz durmuşyny gadymy döwrüň dokumentlerini barlamaga bagyş etdi. Ol şeýle ýazýar: «Hoş habarçylaryň köre-körlüklerine we teologiki ynamlaryna seretmezden, olar bolmalysyndan owadan edip görkezýänleriň seslerini çykaryp bilmeýän wakalar hakynda hem kän ýazýarlar: resullaryň Patyşalykda beýik orny eýelemeklik ymtylyşlary; Isany tutalanyndan soň olaryň gaçmaklary; Petrusyň Isany inkär etmekligi; Isanyň Jelilede täsinlik döretmeklikden ýüz döndermegi; diňleýjileriň Isany däli hasap etmekleri: Onuň ilkibaşdaky öz işine ynamsyz bolmaklygy; Özüniň geljegi bilmeýänligini boýun almaklygy; ajy ökünç ýagdaýlary; Onuň haçdaky umytsyz gykylygy. Wakalaryň şeýle beýannamasyny okap, hiç kim hem olaryň arkasynda hakyky şahsyýetiň durandygyna şübhelenmez. Eger birnäçe sadaja adamlar bir nesliň durmuşynda şeýle aýdyň we özüne çekiji keşbi, şeýle beýik ahlaklylygy we şeýle adamzat doganlygynyň şeýle ruhlandyryjy suratyny oýlap tapyp bilsediler, onda bularyň bary Hoş Habarlarda beýan edilen ähli täsinliklerden hem geň täsinlik bolardy. «Ýokardan tankyt» diýilýän iki asyrdan soň bizde Isanyň durmuşy, häsiýeti we taglymaty hakynda aýdyň düşünje galdy. Bularyň bary Günbatar adamyň taryhynda iň özüneçekiji sahypany düzýändir. Daşky görkezmeleri barlamaklyk Taryhylygyň üçünji ölçegi — bu daşky görkezmeleri barlamaklyk. Sorag şunda jemlenendir: beýleki taryhy materiallar barlag edilýän dokumentde bar bolan maglumatlary tassyklaýarmy ýa-da ýalan çykarýar? Başgaça aýdanymyzda, derňelýän dokumentlerden başga haýsy beýleki çeşmeler takyklygy, hakykylygy we dogrulygy tassyklaýan şaýatlyklary özünde saklaýar? Gottşalk şeýle tassyklaýar, ýagny «beýleki taryhy we ylmy faktlar bilen gabat gelmeklik ýa-da sazlaşmaklyk köplenç bir ýa-da birnäçe şaýatlaryň görkezmelerini barlamaklygyň çözgütli sebäbi bolup durýandyr». Ýahýanyň gürrüňindäki bar bolan maglumaty Ýahýa resulyň iki dosty tassyklaýarlar. Taryhçy Ýewsewiý Iýeropolyň gözegçisi Papiýanyň eserinden şu sözleri getirýär (biziň eramyzyň 130-njy ýyly): Ýaşyly (resul Ýahýa) şeýle diýýärdi: «Petrusyň terjimeçisi bolan Markus onuň (Petrusyň) aýdanlaryny sözme-söz ýazýardy: Mesihiň hem sözlerini, hem-de işlerini; ýöne tertip boýunça däl. Çünki onuň özi Rebbiň diňleýjisi we ýoldaşy däldi. Emma soňabaka, meniň bireýýäm aýdyşym ýaly, ol elmydam Petrusyň ýanyndady. Petrus bolsa Rebbiň sözlerini jikme-jik ýazýan ýaly dälde, Onuň taglymatyny wajyplylyk boýunça ulanýardy. Şonuň üçin hem Markus sözleriň aýdylyşy ýaly ýazmaklygy bilen hiç hili ýalňyşlyk goýbermedi, çünki ol eşidenlerinden hiç zady hem sypdyrmajak we ýalňyşlyk goýbermejek bolup synanyşýardy». Lionyň gözegçisi bolan Irineý (biziň eramyzyň 180-nji ýyly; Irineý Smirnanyň gözegçisi bolan Polikarpyň şägirdidi, ömrüniň segsen alty ýylyny mesihi bolup geçiren, ýaşlygynda bolsa resul Ýahýanyň şägirdi bolan) şeýle ýazýar: «Matta özüniň Hoş Habaryny ýehudylaryň (ýagny ýewreýleriň) arasynda olaryň öz ene dillerinde ýaýratdy; şol bir wagtyň özünde Petrus we Pawlus Hoş Habary Rimde wagyz edip, ol ýerde ýygnak esaslandyrdylar. Olaryň bizden gidenlerinden soň (ýagny olaryň aradan çykanlarynda soň — kök uran däbe laýyklykda, 64-nji ýyldaky Neronyň yzarlamalary döwründe), Petrusyň şägirdi we terjimeçisi bolan Markus öz eli bilen bize Petrusyň wagyzlarynyň esasy mazmunyny ýazgy görnüşinde berdi. Pawlusyň ýoldaşy bolan Luka ony nädip özüniň Mugallymynyň wagyz edendigi hakynda özüniň Hoş Habarynda beýan etdi. Onsoň Rebbiň döşüne ýaplanyp ýatan şägirt (Ýahýa 13:25 we 21:20 seret) Ýahýanyň özi hem Aziýadaky Efesde ýaşanynda, öz Hoş Habaryny ýazýar». Köplenç arheologiýa bize gaty degerli daşky görkezmeleri berýär. Ol Mukaddes Kitaby tankytlaýjy barlamaklyga öz goşandyny goşýar: elbetde, Hudaýyň ylhamy meselesinde däl-de, haýsydyr bir wakalaryň takyklygyny tassyklamaklykda. Arheolog Jozef Fri şeýle ýazýar: «Arheologiýa tankytçylaryň taryhy däl ýa-da gapma-garşylykly diýip tassyklan ýagdaýlarynyň ençemeleriniň beýle däldigini subut etdi». F. F. Brýus şeýle belläp geçýär: «Arheologiýa Täze Ähti tassyklady diýip, biz doly ynamlylyk bilen aýdyp bileris. Lukanyň Hoş Habarynyň öň ýalňyş diýlip hasaplanylan ýerler indi, daşky subutnamalara laýyklykda, dogry diýlip tassyklanyldy». Gadymy döwrüň taryhçysy bolan A. N. Şerwin-Uaýt şeýle ýazýar: «Resullaryň işleri kitabynyň taryhy takyklygy barada bizde ýeterlisinden hem kän subutnamalar bardyr». Onsoň ol sözüni dowam etdirýär: «Bu kitabyň hatda iň ownuk wakalarynyň hem taryhy taýdan dogrulygyny biziň döwrümizde ýalana çykarmaklyk synanyşygy — bu aýdyň samsyklykdyr. Gadymy Rim bilen iş salyşýan taryhçylar bu kitaby öňden bäri şübhe döretmeýän çeşme hökmünde kabul edýärler». Meniň özüm Täze Ähtiň taryhy dälligini we Onuň şübheliligini subut etmeklik üçin kän wagt sarp etdim we ahyrynda onuň taryhy dokument hökmünde doly ynamy ödeýändigi hakyndaky netijä geldim. Eger kimdir biri Mukaddes Kitap hut şu manyda dogry däl diýip tassyklaýan bolsa, onda ol şol bir wagtyň özünde bütin gadymy edebiýatyň baryny hem ýalana çykarmalydyr. Köplenç adamlar adaty «dünýewi» ebediýata bir ölçegi, Mukaddes Kitaba bolsa has beýleki ölçegleri ulanýarlar. Beýle etmek gadagandyr. Ebebiýatyň nähilidigine, ýagny dünýewimi ýa-da dinidigine seretmezden, ony barlamaklykda bahalandyrmaklygyň deň ölçeginden peýdalanylmalydyr. Şonda Mukaddes Kitap Isa hakyndaky dogry we hakyky taryhy şaýatlyk diýip aýdyp biljekdigimize men ynanýaryn. Rijent-kollejde sistematik teologiýanyň professory d-r Klark H. Pinnok şeýle diýýär: «Bizde şunuň ýaly täsin tekstual we taryhy şaýatlyklara eýe bolan, aň-düşünjeli netijä gelmeklige rugsat berýän, özünde taryhy maglumatlaryň şeýle täsin göwrümini saklaýan gadymy döwrüň ýekeje-de dokumenti ýokdur. Ýekeje-de dogruçyl adam şeýle çeşmäni hasaba alman bilýän däldir. Mesihiligiň taryhy dogrulygyna bolan skeptisizm düşünjesiz bolan ters pikirlere esaslanandyr». 5-nji bap. Ýalan üçin ölüme kim gider? Köplenç mesihiligiň bolup biljek tankytçylary Isanyň resullarynyň durmuşlarynda bolup geçen özgerşikleri göz öňünden sypdyrýarlar. Bu özgermeler — Mesihiň sözleriniň adalatlydygynyň iň oňat tassyklamasydyr. Mesihi ynamynyň taryhy hadysa bolandygy üçin ony öwrenenimizde, biz edil ýazylan şaýatlyklardan bolşy ýaly, dil şaýatlyklaryndan hem peýdalanmaly bolýandyrys. «Taryhyň» ençeme kesgitlemesi bardyr. Meniň pikirimçe, olaryň iň oňady — bu «şaýatlyklara esaslanan geçmişi bilmeklikdir». Eger-de kimdir biri maňa: «Bu oňat kesgitleme diýip men hiç-de hasap etmeýärin» diýäýse, onda oňa şeýle sorag berýärin: — Siz dogrudan hem Napoleonyň bolandygyna ynanýarsyňyzmy? Adatça jogap kanagatlanarly bolýar. Onsoň men şeýle soraýan: — Siz ony gördüňizmi? Elbetde, adam şeýle jogap berer: — Ýok. — Onda siz nädip muny bilýärsiňiz?.. Adamlar ýöne şaýatlyklara bil baglaýarlar. Taryhyň bu kesgitlemesi öz yzy bilen gaty wajyp kynçylygy alyp barýar: şaýatlyk dogry bolmalydyr. Bolmasa, diňleýji ýalan maglumata eýe bolýandyr. Mesihilik şaýatlyklara esaslanan geçmiş baradaky bilimi talap edýändir we biz şu soragy bermelidiris: «Isa hakyndaky dilden aýdylan şaýatlyklara ynanyp bolarmy? Olar Isanyň sözlerini we işlerini dogry aýdypdyrlar diýip, biz hasap edip bilýärismi?» Meniň pikirimçe — hawa. Men resullaryň şaýatlyklaryna ynanýaryn, çünki bu on ikileriň on biri görgi görüp öldüler. Olar Mesihiň ölülerden direlendigine we Onuň Hudaýyň Ogludygyna ynanandyklary üçin öldüler. Olary gynadylar, gamçyladylar we ahyrynda şol döwürlerde belli bolan iň görgüli jezalara duçar etdiler: 1. Petrus — haça çüýlendi. 2. Andreas — haça çüýlendi. 3. Matta — gylyç bilen urlup öldürildi. 4. Ýahýa — öz ölümi bilen öldi. 5. Alfeusyň ogly Ýakup — haça çüýlendi. 6. Filipus — haça çüýlendi. 7. Simun — haça çüýlendi. 8. Taddeus — ýaýyň oky bilen öldürildi. 9. Isanyň dogany Ýakup — daşlanyp öldürildi. 10. Tomas — naýza bilen öldürildi. 11. Bartolomeus — haça çüýlendi. 12. Zebedeýiň ogly Ýakup — gylyç bilen urlup öldürildi. Şu ýerde meniň söhbetdeşlerim adatça bir ses bolup aýdýarlar: — Oýlansana, ýalan üçin bir topbak adam ölüpdir, bu hiç zady hem subut etmeýär. Hawa, bir topbak adam ýalan üçin öldi, emma olar muny dogry diýip hasap etdiler! Eger hakykatda ölülerden direliş bolmadyk bolsa (ýagny eger bu ýalan bolsady), onda şägirtler bu barada bilerdiler. Men olaryň aldanandyklaryny göz öňüme getirip bilmeýärin. Onda şeýle bolýar, ýagny bu on iki adamlar diňe bir ýalan üçin ölmediler, emma iň esasy — olar özleriniň ýalan üçin ölýändiklerini bilýärdiler! Adamzadyň taryhynda bilgeşleýin ýalan üçin ölüme gidýän on iki adamy tapmaklyk gaty kyn bolýandyr. Resullar tarapyndan edilenlere doly baha bermeklik üçin birnäçe ýagdaýlary çynlakaý kabul etmeklik wajypdyr. Birinjiden, haçanda olar ýazyp, gürrüň berenlerinde, olar özleriniň beýan edýän ýagdaýlarynyň diri şaýatlary hökmünde çykyş etdiler. Petrus şeýle diýdi: «Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýeremedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük» (2 Petrus 1:16). Elbetde, resullar ýasama ertekileri we rowaýatlary hakykatdan tapawutlandyrdylar. Ýahýa ýewreýleriň bilýändiklerini belleýär, çünki olar baryny öz gözleri bilen görüpdiler: «Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris. Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir» (1 Ýahýa 1:1-3). Biziň bireýýäm seredinimiz ýaly, Luka hem şeýle ýazýar: «Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler. Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp, seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin, ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim» (Luka 1:1-4). Onsoň Resullaryň işleri kitabynda Luka Mesihiň ölülerden direleninden soňky, ýagny öz gözleri bilen gören kyrk günki wakalary beýan edýär: «Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, Onuň tä Göge alnan gününe çenli etmäge we öwretmäge başlan ähli zatlary hakda ýazdym. Ol görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Ine, resul Ýahýa özüniň Hoş Habarynyň iň soňky bölegini nähili başlaýar: «Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi» (Ýahýa 20:30). Öz gözleri bilen görenleriň bu şaýatlyklarynyň iň esasy mazmuny — bu Isanyň ölülerden direlendiginiň beýannamasydyr. Isanyň ölülerden direleninden soň, resullar Onuň diridigini öz gözleri bilen gördüler: Luka 24:48 Ýahýa 15:27 Resullaryň işleri 1:8 Resullaryň işleri 2:24, 32 Resullaryň işleri 3:15 Resullaryň işleri 4:33 Resullaryň işleri 5:32 Resullaryň işleri 10:39, 41 1 Korintoslylar 15:4-9 Resullaryň işleri 13:31 1 Korintoslylar 15:15 1 Ýahýa 1:2 Resullaryň işleri 22:15 Resullaryň işleri 23:11 Resullaryň işleri 16:16 Ikinjiden, Isanyň dogrudan hem ölülerden direlendigine resullaryň özlerini entek ynandyrmalydy. Başda olar ynanmadylar. Olar gaçyp, gizlenmäge synanyşdylar (Markus 14:50). Olar aç-açan öz şübheleri hakynda aýtdylar. Diňe ýalana çykaryp bolmajak subutnamalaryň ençemesini alanlaryndan soň ynandylar. Tä barmaklaryny çüýleriň yzlaryna degirenine çenli Isanyň ölülerden direlendigine ynanmajakdygyny aýdan Tomasy ýadyňyza salyň. Ençeme ýyldan soň Tomas Isa üçin görgi görüp öldi. Näme, ol hem aldanypmydy? Ol ters pikiri subut etmeklik üçin öz janyny pida etdi. Onsoň Petrus. Höküm pursatynda ol birnäçe gezek Isany ret edipdi. Ahyrynda bolsa Isadan ýüz öwrüpdi. Emma bu gorkak bilen bir zatlar bolup geçdi. Isany haça çüýläp, jaýlanlaryndan birnäçe gün geçeninde soň, Petrus Iýerusalimde peýda boldy we ölüm jezasyna seretmezden, ol Isanyň Mesihdigi we Onuň ölülerden direlendigi hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdi. Ahyrynda Petrus başaşaklygyna haça çüýlenipdi. Näme, ol hem aldanypmydy? Onuň bilen näme boldy? Ony Isanyň işi üçin batyrgaýlyk bilen göreşijä öwren zat nämekä? Näme sebäpden ol Onuň üçin ölmäge taýyndy? Özüm üçin kanagatlanarly diýip hasaplaýan ýeke-täk düşündiriş korintoslylara ýazylan birinji hatda (15:5-de) ýerleşýändir — «onsoň Kifasa göründi» (ýagny Petrusa, Ýahýa 1:42 seret). Adamyň öz erkine garşylykda göz ýetirmekligiň klassiki mysaly — bu Isanyň dogany Ýakupdyr (Matta 13:55, Markus 6:3). Ýakubyň ilkinji on ikileriň arasynda bolmandygyna seretmezden (Matta 10:2-4), ol edil Pawlus we Barnabas ýaly (Resullaryň işleri 14:14) soňabaka resul diýlip yglan edilipdi (Galatýalylar 1:19). Heniz Isa dirikä, Ýakup Onuň Hudaýyň Ogludygyna ynanmandy (Ýahýa 7:5). Ol öz doganlary we uýalary bilen Isanyň üstünden şeýle diýip gülen bolmagy ahmaldyr: — Sen adamlaryň Özüňe ynanmaklaryny isleýärmisiň? Iň oňady — Sen Iýerusalime baryp, öz oýunlaryňy şol ýerde görkezäý! Ýakup özüni we maşgalasyny kemsidilen ýaly hasaplan bolsa gerek, çünki Isa başga etraplara gidip, Özüniň ähli düşünjeden daşary çykýan tassyklamalary bilen adamlary güldürýärdi («Men — ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» — Ýahýa 14:6; «Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz» — Ýahýa 15:5; «Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr» — Ýahýa 10:14). Eger siziň doganyňyz şeýle zatlar diýip başlasa, siz näme oýlardyňyz? Emma Ýakup bilen bir zatlar bolup geçdi. Isany haça çüýläp, jaýlanlaryndan soň Ýakup Iýerusalimde wagyz edip başlady. Ol Isanyň adamlaryň günäleri üçin ölüp, ölülerden direlip, Onuň şu wagt hem diridigi hakynda aýdyp başlady. Ahyrynda Ýakup Iýerusalim ýygnagynyň ýolbaşçylarynyň biri boldy we «Ýakubyň haty» atly kitaby ýazdy. Bu kitabyň ilkinji sözleri — «Hudaýyň hem-de Reb Isa Mesihiň guly…» Onuň dogany. Ýakup görgülileriň ölümi bilen öldi: ol baş ruhany Hananýanyň buýrugy boýunça daşlanyp öldürilipdir (Iosif Flawiý boýunça). Onda näme, Ýakup hem aldanypmydy? Ýok, meniň üçin ýeke-täk hakykata laýyk gelýän düşündiriş korintoslylara ýazylan birinji hatda getirilendir (15:7): «Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi». Eger ölülerden direliş bolmadyk bolsa, onda munuň ýalandygyny resullar bilýärdiler. Belki-de, olar ýöne nähilidir bir äpet toslamany goldandyrlar? Şeýle pikiri biziň bu adamlaryň ahlak häsiýetlerini bilşimiz bilen birikdirmek gaty kyndyr. Olaryň özleri ýalany paş edip, dogruçyl bolmagyň neneň wajypdygyny belläpdiler. Olar adamlara dogrulygy açmaga synanyşypdylar. Taryhçy Edward Gibbon özüniň «Rim imperiýasynyň synmagy we ölümi» atly meşhur kitabynda şeýle diýýär, ýagny «ilkinji mesihileriň has arassa, ýöne talap ediji ahlagy» mesihiligiň çalt ýaýramaklygynyň bäş sebäbiniň biri boldy. Nottingemdäki Muk. Ýahýa kollejiniň müdiri Maýkl Grin şeýle diýýär: «Ölülerden direlmeklige ynam haça çüýlenen wagyzçynyň doň bolan şägirtlerini batyrgaý şaýatlara we irki ýygnagyň görgülilerine öwürdi. Hut şu ynam Isanyň yzyna eýerijileri beýleki ýewreýlerden tapawutly edýärdi, bu ynam olary berk topara öwürdi. Olary türmelere taşlap, ýençmelere sezewar edip bolýardy, emma olary «Isanyň üçünji gün direlendigine» bolan ynamlaryndan ýüz döndermäge mejbur etdirip bolmaýardy. Üçünjiden, resullaryň öz Mugallymynyň ölülerden direlendigine ynanlaryndaky peýda bolan hereketlerindäki batyrgaýlyk, bularyň barynyň bary-ýogy toslama bolandygy baradaky göz öňüne tutmany mümkin däl edýändir. Olar birden, ýagny bir gijäniň içinde diýen ýaly gorkuzylmaýan boldular. Geçmişde Isadan ýüz öwren Petrus birden ölüm jezasy astynda Isanyň ölülerden direlendigini bar sesi bilen aýtdy. Häkimiýetleri Mesihiň yzyna eýerijileri tussag etdiler, olary ýençdiler, emma olar tizara ýene-de Iýerusalimiň köçelerine çykyp, Isa hakynda aç-açan gürrüň berdiler (Resullaryň işleri 5:40-42). Olaryň dostlary olaryň durmuşa ukyplylygyny, duşmanlary bolsa — edermenliklerini bellediler. Onsoňam, olar nirededir bir daş etraplarda däl-de, Iýerusalimiň özünde wagyz etdiler. Eger Isanyň şägirtleri Onuň ölülerden direlendigine ynamly bolmasadylar, onda olar şeýle ýenjilmelere we ölüme gidip bilmezdiler. Ýeke-täk taglymaty olaryň agzybirlik bilen wagyz etmekleri we olaryň edermen hereketleri — gaty geň galdyryjydy. Adamlaryň nähilidir bir toparynda agzybirlikli ylalaşyga gelmekleri gaty kyndyr, emma olaryň hemmesi ölülerden direlmekligiň hakykylygyny tassykladylar. Eger olar ýalançy bolan bolsalar, onda ýenjilmeleriň astynda olaryň hiç bolmanda biriniň «döwülmändigini» düşündirmek gaty kyn. Fransuz alymy we filosofy Paskal şeýle ýazýar: «Resullaryň aldawçy bolandyklary baradaky pikir ýöne samsyklykdyr. Bu aýyplamany soňuna çenli alyp barmaga synanyşalyň. Şeýle göz öňüne getireliň, ýagny bu on ikiler Isa Mesihiň ölüminden soň duşuşýarlar we Onuň ölülerden direlendigi hakynda tassyklamaklyga dil düwüşdiler diýeliň. Bu hem dünýewi, hem-de dini esaslary ýykmaklygy aňladardy. Adamyň ýüregi geň galar ýagdaýa çenli hemişesizlige we üýtgemelere sezewar edilendir, ony wadalar bilen yrgyldatmak ýeňildir, maddy baýlyklar bilen synaga salyp bolýandyr. Eger olaryň ýekejesi-de bu gaty güýçli synaglara döz gelip bilmedik bolsady ýa-da türme we ýenjilmeler ýaly has güýçli ýaragyň öňünde durup bilmedik bolsady, onda olaryň bary ölerdiler». «Nädip olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, hereketjeň topara öwrülip, özleriniň Isanyň sözlerini we ölülerden direlişini wagyz eden ýerleri bolan üç kontinentiň ählisinde duşmanlara, ynamsyzlyga, ýenjilmelere, çäksiz synaglara, türmä we hatda ölüme-de çakylyk atyp bildiler?» — diýip, Maýkl Grin soraýar. Ine, resullaryň durmuşlarynda bolup geçen özgerşikleri bir näbelli awtor neneň beýan edýär: «Haça çüýleme güni olar ajydan doludylar, hepdäniň birinji güni bolsa şatlykdan. Haça çüýleme güni olar umytlaryny ýitiripdiler, hepdäniň birinji güni olaryň ýürekleri ynamdan we umytdan doludy. Haçanda olar ilkinji gezek ölülerden direlme eşidenlerinde, olar ynamsyzlyk döretdiler, olary ynandyrmak gaty kyndy, emma haçanda olaryň özleri muňa göz ýetirenlerinde bolsa, şondan soň ýekeje gezek hem şübhäni başdan geçirmediler. Bu adamlardaky şeýle gysga möhletiň içindäki şeýle uly üýtgeşigi nädip düşündirip bolýarka? Mazardaky jesediň ýok bolmaklygy öz-özünden olaryň häsiýetlerini şeýle üýtgedip, şeýle ýagdaýda ruhlandyryp bilmezdi. Üç gün — bu olara şeýle ýagdaýda täsir edip biljek rowaýatyň döremekligi üçin gaty az möhletdir. Rowaýatlaryň döremekligi üçin wagt gerekdir. Bu psihologik fakt kanagatlandyrýan düşündirişi talap edýändir. Şu wagta çenli döredilen ahlak taglymatlarynyň şunuň ýaly iň beýigini dünýä beren bu şaýatlaryň, ýagny erkekdir aýallaryň häsiýetleri hakynda oýlanyň. Hatda olaryň duşmanlarynyň hem şaýatlyklary boýunça, olar öz durmuşlaryndan hem bu taglymata eýeripdirler. Psihologik taýdan bolgusyz bolan şu ýagdaýy göz öňüne getirmäge synanyşyň: aljyraňňylyga düşen gorkaklaryň bir kiçijik toparjygy günleriň birinde nähilidir bir kiçijik otagda ýygnanyşýarlar we birnäçe günden soň olar bir berk topara öwrülýärler. Şeýle-de, bu topary indi hiç bir kowulmalar bilen gorkuzyp hem seslerini çykarmazlyga mejbur edip bolmaýar; bu bütinleý üýtgemäni olaryň dünýäniň kabul etmegine mejbur edýän bary-ýogy naýynjar galplyk diýip düşündirmeklik — bu bütinleý samsyklykdyr». Kennet Skott Laturett şeýle ýazýar: «Ölülerden direlmekligiň we şägirtlere Mukaddes Ruhuň inmekliginiň netijeleri gaty uly mana eýedir. Özleriniň Isa — «Ysraýyly azat etjek adam» diýip bil baglandyklaryny gaýgy bilen ýatlan aljyraňňylyga düşen we lapykeç bolan adamlar ruhlanan şaýatlara öwrüldiler». Pol Littl şeýle sorag berýär: «Bu adamlar sebäpli jemgyýetiň ahlaklylygy üýtgedi, emma bu adamlar kimlerkä: gaty ökde ýalançylarmy ýa-da azaşan däliler? Ölülerden direlmeklik faktyna seredeniňde, bu iki ýagdaýlaryň ýekejesine-de ynanmaklyk gaty kyndyr. Galyberse-de, bu iki ýagdaýyň hiç biriniň peýdasy üçin hem ýekeje-de subutnama ýokdur». Resullaryň yrgaldamaýan, hatda ölüme çenli bolan ynamlylygy — düşündirmeklik üçin ýeňil däldir. «Britannika» ensiklopediýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Origen şeýle diýýär, ýagny Petrus başaşaklygyna haça çüýlenipdir. Petrusyň ölümini Gerbert Uorkman şeýle beýan edýär: «Rebbimiziň öňünden aýdyşy ýaly, Petrusy daňdylar we Awreliý ýoly boýunça Watikan baýyrlygyndaky baglaryň gapdalyndaky jeza berilýän ýere tarap äkitdiler. Hut şol ýerde onuň ençeme doganlary gaty elhenç jezalara berlipdiler. Onuň öz haýyşy boýunça, ony öz Rebbiniň ölümi bilen ölmeklige mynasyp bolmadyk hökmünde, başaşaklygyna haça çüýleýärler». Garold Mattingli özüniň taryhy kitapçasynda şeýle ýazýar: «Resullar Petrus bilen Pawlus öz şaýatlyklaryna gan bilen gol çekdiler». Tertullian şeýle ýazýar: «eger özüniň dogrulygynda ynamly bolmasa, hiç kimiň hem ölesi gelýän däldir». Nädip şaýatdan görkezmeleri almalydygyny we görkezmeleriň dogrumy ýa-da ýoklugyny nädip anyklamalydygyny ençeme ýyllap talyplara öwreden Garwardyň professor-ýuristi Saýmon Grinlif şeýle netijä gelýär: «Harby taryhyň ähli ýyl ýazgylarynda-da pikire şeýle batyrgaýlaça wepaly bolmaklygyň, sabyrlylygyň we gaýduwsyz edermenligiň şeýle mysalyny tapyp bolýan däldir. Olarda özleriniň ynamlarynyň esaslaryny we özleriniň tassyklaýan beýik faktorlaryň we hakykatlaryň şaýatlyklaryny oňatja gözden geçirmeklik üçin ähli bolup biljek sebäpler bardy». Resullar öz ölümleri bilen öz sözleriniň hakykylygyny subut etdiler. Men şuňa ynamlydyryn: özleriniň ynanýan zatlary üçin ölüme gitmegä aňyrrakda dursun, hatda köçeden hem geçmejek öz döwürdeşlerimiň aglabasynyň sözlerinden, şol resullaryň sözlerine men kän ynanyp bilerin. 6-njy bap. Kime öli Mesih gerekdir? Hak iş üçin kän adamlar wepat boldular. Wýetnam urşy üçin garşylyk görkezmekligiň nyşany hökmünde özüni oda ýakan San-Diýegoly talyby ýadyňyza salyň. 60-njy ýyllarda dünýä jemgyýetiniň ünsüni Günorta-Gündogar Aziýa çekmeklik üçin ençeme buddistler özlerini oda ýakdylar. Resullar üçin kynçylyk özleriniň işleriniň haçda ölendiginde jemlenipdi. Olar Isanyň Mesihdigine (köpden bäri garaşylan Ysraýylyň Halasgärdigine) ynanýardylar. Olar Onuň ölüp biljekdigine ynanmaýardylar. Onuň Hudaýyň patyşalygyny gurup, Ysraýyl halkynyň üstünden höküm sürjekdigine olar ynanýardylar. Resullaryň Mesihe bolan gatnaşyklaryna, Isanyň haça çüýlenendiginiň bütin akyla sygmazlygyna düşünmeklik üçin, Isanyň döwründäki Mesih (Halasgär) baradaky düşünjäni özümiz üçin anyklamalydyrys. Isanyň durmuşy we taglymaty Mesih baradaky ýewreý düşünjesine gaty gapma-garşydy. Haçanda Mesih geleninde, Ol patyşa kimin, ýeňiş getiriji syýasy serdar kimin boljakdygy hakynda ýewreý çagalarynyň gulaklaryna ýaşlykdan guýýardylar. Ol ýewreýleri gulçulykdan azat etmelidi we Ysraýylyň öňki şöhratyny galdyrmalydy. Ejir çekiji Mesih «ýewreýleriň mesih hakyndaky düşünjelerine gaty kesekidi». I. F. Skott Mesihiň döwrüni şeýle beýan edýär: «…bu görlüp-eşidilmedik tolgunmalaryň döwrüdi. Dini serkerdeler halkyň gyzmalygyny zordan saklaýardylar: hemmeler ähli ýerlerde wada berlen Halasgäriň gelmekligine garaşýardylar. Garaşmaklygyň bu duýgusy, elbetde, ýurduň ýaňy-ýakyndaky taryhynyň wakalary bilen esaslandyrylandy. Bireýýäm ýewreýleriň bütin nesli öz azatlyklaryny dürli ýollar bilen çäklendirip gelýän rimlileriň ygtyýarlygy astynda ýaşaýardy; rimlileriň sütemleri ýurda wepaly bolmaklyk duýgularyny döredip, gitdigiçe berkedýärdi. Şeýle kynçylykly döwürde täsin halda azat bolmaklyk we ony getirjek patyşa-Mesih hakyndaky gadymy arzuw täze mana eýe bolupdy (eýse-de, aslynda hiç hili täze zat ýokdy). Hoş Habarlardaky beýan edilen aňlaryň turşamaklygynyň sebäbi uzak wagtlap garaşmaklyk döwri bolupdy. Halkyň aglaba bölegi üçin Mesih birnäçe ýyl mundan ozak Işaýa we onuň döwürdeşleri üçin bolan biri ýalydy: Ol ýewreý halkyna ýeňiş we gülläp ösmekligi getirjek Dawudyň Ogludy. Injiliň nurunda, halkyň arasynda ýaýran Mesih baradaky düşünjeleriň ilki bilen milletçilikli we syýasy häsiýete eýe bolandyklary gaty aýdyň bolýar». Ýewreý alymy Jozef Klausner şeýle ýazýar: «Mesih gitdigiçe diňe bir meşhur syýasatçy bolman, eýsem Ol päk ahlak häsiýetlerine eýe bolan adamdy». Jeýkub Gartenhus Isanyň döwründäki ýewreýleriň aglabasy tarapyndan goldanan duýgulary şeýle beýan edýär: «Ýewreýler özlerini rim süteminden azat etjek Mesihe garaşýardylar… mesihe garaşmaklyk umytlary, ilki bilen, halkyň azat bolmaklygynda gurlandy». «Ýewreý ensiklopediýasy» şeýle diýýär, ýagny ýewreýler özlerini keseki ýurtly basybalyjylaryň gulçulygyndan azat etjek, rimlileriň ýigrenji süteminiň soňuna çykjak we özüniň parahatly we adalanly patyşalygyny gurjak, Dawudyň öýünden wada berlen halasgäri görmekligi küýseýärdiler. Şol döwürde ýewreýler wada berlen Mesih pikirinden umytlaryny alýardylar. Resullar hem edil özleriniň töweregindäki adamlar ýaly Mesihe ynanýardylar. Millar Berrouzyň ýazyşy ýaly, «Isa ýewreýleriň özleri üçin çekýän Dawudyň ogluna şeýle bir meňzeş däldi welin, hatda Onuň hususy şägirtleri hem Mesih pikirini Isa bilen uly kynçylyk bilen baglaşdyrýardylar». Isanyň Özüniň geljekki haçdaky ölümi baradaky gaýgyly sözleri şägirtlerinde hiç hili hereketjeňligi döretmedi (Luka 9:22). A. B. Brýusyň belleýşi ýaly, «edil entek umyt bar ýalydy, Ol Özüniň düşen ýagdaýyna gaty gaýgyly seredýän ýalydy, Onuň howsalalygy esaslandyrylmadyk boljak ýalydy… haça çüýlenen Mesih — resullar üçin bu masgaraçylykdy, munda çözülmeýän gapma-garşylyk bardy we ýewreýleriň aglabasy hatda Rebbiň şöhratda Göklere galanyndan soň hem şu ynamlarynda galdylar». Öň oksford professory bolan Alfred Edercheým şeýle diýeninde, has mamlady: «biziň Isa hakynda bilenlerimiziň iň geň galdyryjysy — bu Onuň adamlara gelen wagtydy» (8). Täze Äht boýunça resullaryň Mesihe bolan gatnaşyklaryna syn edip bolýar: olar ýeňiji-Mesihe garaşýardylar. Isa Özüniň Iýerusalime gidip, şol ýerde ejir çekmelidigi hakynda şägirtlerine aýdanynda, Ýakup bilen Ýahýa özleriniň Isanyň sag we çep tarapyndaky orunlary eýelemeklerini wada bermegi hakynda Ondan soraýarlar (Markus 10:32-38). Şol pursat olar nähili Mesih hakynda oýlandylar? Ejir çekip, haça çüýlenýän Mesih hakyndamy? Ýok, syýasy serdar hakynda. Özüniň aýdanlaryna olaryň düşünmändikleri we näme hakynda soraýandyklary hakynda bilmeýändiklerini aýdyp, Isa jogap beripdi. Haçanda Isa Özüniň ejirleri we haça çüýlenmegi hakynda aýdanynda, on iki resullar Onuň näme diýýändigine düşünmändiler (Luka 18:31-34). Olaryň gelip çykyşlary we terbiýeleri özlerine «oňat durmuşyň» garaşýandygyny göz öňünde tutmaklyga mejbur edýärdi. Ine-de Golgota. Isa özleri üçin Mesih bolar diýen ähli umytlary puja çykypdy. Aljyraňňylyga düşen resullar öýli-öýlerine dargapdylar. Şunça ýyllar boş ýere ýitirilipdi! Fuller adyndaky Teologiki seminariniň Täze Äht professory d-r Jorj Ledd şeýle ýazýar: «Haçanda Ony ele salanlarynda, näme üçindir şägirtleri hem Ony taşlapdylar. Olar islendik duşmany özüne tabyn edýän ýeňiji Mesihe şeýle bir ynanypdylar welin, hatda haçanda olar Onuň ýeňilendigini we gamçynyň astynda gana boýalyp ýatanyny görenlerinde, Pilatusyň ýerisligindäki ejizi, jezalandyrylmaga äkidilýäni, Onuň haça çüýlenişini, ol ýerde Onuň edil adaty jenaýatçy kimin ölýänini görenlerinde, şägirtleriň Isa bolan mesihi umytlarynyň bary küle öwrülipdi. Özümiziň diňe garaşýan zatlarymyzy eşidýändigimiz hakynda biz psihologiýadan bilýändiris. Isanyň geljekki ejirleri we ölümi şägirtleri tarapyndan eşidilmändi. Onuň ähli duýduryşlaryna seretmezden, şägirtleri hiç-de taýýar däldiler…» Ýöne birnäçe hepdeden soň, özleriniň başdan geçiren ähli şübhelerine seretmezden, şägirtler Iýerusalime dolanyp geldiler we Isany edil Halasgär we Hudaý, ýewreýleriň Mesihi hökmünde şöhratlamaga başladylar. Meniň tapyp biljek ýeke-täk ynandyryjy düşündirişim korintoslylara ýazylan birinji hatda (15:5-de) berlendir — «soň-da Onkilere göründi». Halka wagyz etmäge gitmeklik, ejirlere duçar bolmaklyk, haça çüýlenen Mesih üçin ölmeklik üçin ýaňyja umytlaryny ýitiren şägirtlere mundan başga ýene näme güýç berip bildikä? Görnüşi ýaly, Ol dogrudanam «görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi» (Resullaryň işleri 1:3). Hawa, hak iş üçin kän adamlar wepat boldular, emma resullaryň hak işleri haçda öldi. Diňe ölülerden direlmeklik we Mesih bilen soňky duşuşyk Onuň yzyna eýerijileri Onuň hakykatdan hem Mesihdigine ynandyrdy. Munuň şaýatlygy — diňe bir olaryň sözleri we durmuşlary däl, şeýle-de olaryň ölümleridir. 7-nji bap. Saul bilen näme bolandygy hakynda eşitdiňizmi? Meniň dostum Jek özüm ýaly ýygy-ýygydan uniwersitetlerde çykyş edýär. Ine-de, bir gezek oňa garaşylmadyk sowgat garaşýardy. Talyplar onuň üçin «uniwersitetiň ateisti» bilen hemmeleriň gatnaşmagyndaky söhbetdeşligi gurnapdyrlar. Onuň «garşydaşy» filosofiýa professorydy, gaty owadan sözleýji we mesihilige duşmançylykly gatnaşykda bolan adamdy. Jek birinji bolup gürrüňe başlady. Ol Isanyň direlmeginiň peýdasyna bolan subutnamalar, Pawlusyň ynanmaklygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi we ahyrynda özüniň şaýatlygy bilen, ýagny entek uniwersitetde okaýarka, nädip öz durmuşyny Mesihiň üýtgedenligi bilen paýlaşdy. Emma ine-de ol gürrüňini gutardy we indi öz nobaty boýunça orta şu professor çykdy. Ol gaty tolgunyp aljyraýardy. Jekiň gürrüň beren ne ölülerden direlmekligiň peýdasyna, ne-de Jekiň özüniň hususy durmuşy hakynda aýdanlaryna garşy professor hiç zat hem diýip bilmedi. Şonda ol resul Pawlusyň duýdansyzlyk bilen mesihilige öwrülmeginiň taryhyna ýapyşdy. Ol adamlaryň käwagtlar özleriniň göreşýän zatlary bilen şeýle bir gyzyklanyp, ahyrynda bolsa onuň tarapdary bolýandyklary hakynda gaty kän gürrüň berdi. Şu ýerde meniň dostum ýylgyrdy: — Şeýle bolýan bolsa, onda siz gaty seresap bolmalysyňyz, çünki siz hem şeýdip mesihi bolup bilersiňiz!.. Tarsus şäherinden bolan Saul atly ýaş ýewreý mesihileriň ganym duşmanydy. Onuň resul Pawlusa öwrülmek taryhy — bu mesihiligiň peýdasyna bolan şaýatlyklaryň iň özüneçekijileriniň biridir. Saul dini işgärdi, iudaizmiň janköýeridi. Tarsusdaky ýaşaýyş oňa adamzadyň biliminiň iň soňky gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik beripdi: bu özüniň filosof-stoikleri we medeniýeti bilen tanymal bolan uniwersitet şäheridi. Grek geografy Strabon bu şäheri onuň ylma we filosofiýa bolan gyzyklanmasy üçin ýokary bahalandyrýar. Pawlus edil özüniň kakasy ýaly rim raýatydy — bu gaty seýrek duş gelýän artykmaçlykdy. Görnüşi ýaly, Pawlus ellinistik medeniýeti we pikiri bilen oňat tanyşdy. Ol grek dilini gaty oňat bilýärdi we dialektika bilen iş salşyp bilýändigini görkezdi. Ol kän meşhur bolmadyk şahyrlaryň we filosoflaryň sözlerini ulandy. Resullaryň işleri 17:28 — «Çünki biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys (Epimenid). Siziň şahyrlaryňyzyň käbiriniň aýdyşy ýaly, “Biz-de Onuň zürýadydyrys” (Arat, Kleanf)»; Korintoslylara ýazylan birinji hat 15:23 — «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr (Menandr)»; Titus 1:12 — «Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: “Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir” diýipdir (Epimenid)». Pawlus berk fariseý taglymatynyň däplerinde ýewreý bilimini alýar. Ony Gamaliýeliň ýanyna okamaklyk üçin iberenlerinde, ol on dört ýaş töweregindedi. Gamaliýel şol döwrüň iň beýik mugallymy hasaplanýardy (ol Galilleýiň agtygydy). Pawlus özüniň diňe bir fariseý däl-de, fariseýiň ogludygyny aýdypdy (Resullaryň işleri 23:6). Ol özüniň geçmişi bilen magtanmaga haklydy: «Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum» (Galatýalylar 1:14). Pawlusyň Hudaýa ynanmaklygyna düşünmeklik üçin ilki bilen onuň mesihilige garşylygynyň sebäbine düşünmeklik gerekdir. Bu sebäp onuň ýehudy kanunyna bolan wepalylygynda jemlenendi. Hu şu wepalylyk hem onuň Mesihi we irki ýygnagy kabul etmezliginiň esasynda durdy. Jak Dýuponyň sözleri boýunça, «mesihilikde Pawlusy masgaralan zat — bu Isanyň Mesihiň roluny ýetirmeklik tassyklamasy däl-de, eýsem Isa Halasgäriň roluny degişli etmeklikdi — bu bolsa halas bolmaklykda kanunyň roluny puja çykarýardy… Pawlus ilki bilen halas bolmaklygyň kanundadygyna bolan özüniň berk ynamy sebäpli mesihi ynamyna duşmançylykly hereket edipdi». «Britannika» ensiklopediýasy şeýle diýýär, ýagny özüni mesihi diýip altlandyran täze ýehudy sektasy Pawlusyň ýehudy terbiýesiniň we ýewreý mugallymçylyk biliminiň özenine gaty agyry ýetiripdi. Bu sektany ýok etmeklik — onuň ýürek arzuwy boldy (Galatýalylar 1:13). Ol olaryň baryny gyrmaklyk maksady bilen hereket edip başlady (Resullaryň işleri 26:9-11). Ol göni manyda «ýygnaga ezet berýärdi» (Resullaryň işleri 8:3). Ol Şama kagyzlar bilen gitdi, bu kagyzlar bolsa ol ýerdäki Isanyň yzyna eýerijileri tutmaga we olary höküm etmeklik üçin alyp gelmeklige hukuk berýärdi. Emma ýolda onuň bilen bir zat bolup geçýär… «Saul Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salyp, baş ruhanynyň ýanyna bardy. Bu ýola uýanlary tapsa, erkek diýmän, aýal diýmän, tutup Iýerusalime getirer ýaly, özüne ondan Şamdaky sinagogalar üçin hatlar diledi. Ol Şama ýetip barýarka, birdenkä Gökden bir nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy. Saul ýere ýykyldy. Şonda oňun gulagyna: — Saul! Saul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň? — diýen ses geldi. Ol: — Ýa Reb, Sen kim? — diýip sorady. Reb: — Men seniň azar berýän Isaň. Çişe depmek saňa kyndyr, — diýdi. Saul titräp, aljyrap: — Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň? — diýdi. Reb oňa: — Tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa aýdylar, — diýdi. Onuň bilen bile barýan adamlar ol ýerde doňup durdylar, çünki sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler. Saul ýerden turdy, ýöne gözüni açanda hiç kimi görmedi. Ony elinden tutup idip, Şama getirdiler. Ol üç günläp görüp bilmedi, iýmedi we içmedi. Şamda Hananýa atly bir şägirt bardy. Reb onuň gözüne görnüp: — Eý Hananýa! — diýdi. Ol hem: — Lepbeý, Ýa Reb! — diýip jogap berdi. Reb oňa şeýle diýdi: — Tur, Dogry diýen köçä bar-da, Iudanyň öýünden tarsusly Saul atly adamy sora; ine, ol doga edýär. Ol bir görnüşde Hananýa atly bir adamyň içeri girip, gözi gaýtadan görer ýaly, elini öz üstünde goýanyny gördi» (Resullaryň işleri 9:1-12). Soňky wakalar hakynda okap, mesihileriň näme üçin Pawlusdan gorkandyklary hakynda bilip bilýäris. Hananýa şeýle jogap berdi: — Ýa Reb! Men bu adam barada, onuň Iýerusalimde Seniň mukaddesleriňe näçe ýamanlyk edenini köp kişilerden eşitdim. Seniň adyňy agzanlaryň baryny tutup daňmaga onuň bu ýerde-de baş ruhanylardan ygtyýary bar. Reb oňa şeýle diýdi: — Bar, çünki bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr. Çünki Meniň adym ugrunda bu adamyň näçe görgi görmelidigini Men oňa görkezmekçi. Şeýlelikde, Hananýa baryp, ýaňky öýe girdi, ellerini Saulyň üstünde goýup, şeýle diýdi: — Saul dogan! Gelýän ýoluňda saňa görnen Reb Isa seniň gözüň açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni iberdi. Şol bada-da gözünden barda aýrylan ýaly bolup, Sauluň gözi açyldy. Ol ýokary turup, suwa çümdürildi. Nahar iýip, gaýtadan kuwwata geldi» (Resullaryň işleri 9:13-19). Pawlus şeýle ýazýar: «Men Rebbimiz Mesihi görmedimmi?» (1 Korintoslylar 9:1). Ol Isanyň özüne görünmekligini Onuň ölülerden direleninden soňky resullara görünmekligi bilen deňeşdirýär: «Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi» (1 Korintoslylar 15:8). Çünki Pawlus Isany ýöne görmedi, emma bu görnüş onuň bütin durmuşyny üýtgetdi ahyryn. Ol Hoş Habary öz islegi boýunça däl-de, wajyplyk üçin wagyz etdi: «Çünki Hoş Habary wagyz edýän bolsam, öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi bu maňa wajypdyr… (1 Korintoslylar 9:16). Şuňa üns beriň: Pawlusyň Isa bilen duşuşygy we soňabaka onuň ynanmaklygy gaty duýdansyz bolup geçýär: «…birdenkä daş-töweregimde Gökden bir güýçli nur ýaldyrady» (Resullaryň işleri 22:6). Pawlus özüne gökden nähili Hudaýyň sesiniň gelýändigi hakynda hiç hili düşünjä hem eýe däldi. Haçanda bu ses Özüniň Nasyraly Isadygy hakynda aýdanynda, Pawlus bu habardan titräp, aňk-taňk bolupdy. Goý, hatda biz Pawlus bilen Şama gidilýän ýoldaky wakany giňişleýin, ýagny yzygiderlilik we psihologik taýdan doly bilmeýän hem bolsak, bu duşuşygyň onuň durmuşyny bütinleý üýtgedendigini biz anyk bilýändiris. Ilki bilen, Pawlusyň häsiýeti düýpgöter özgerdi. «Britannika» ensiklopediýasy ony Hudaýa ynanmazyndan ozal edil sabyrsyz, doň ýürek, ylalalaşyga gelmeýän dini janköýer, bet gylykly tekepbir ýaly beýan edýär. Hudaýa ynanayndan soň ol sabyrly, mähirli, gurban bolmaklyga taýyn, hilegärsiz bolýar. Kennet Skott Laturett şeýle diýýär: «Çuňňur, öňki ähli gözýetimleri özgerden dini başdan geçirme Pawlusyň durmuşyna täze many berdi, ol newroz häsiýetli kän tanymal bolmadyk adamy uly täsir ediji wagyzça öwürdi». Ikinjiden, Saulyň Isanyň yzyna eýerijiler bilen gatnaşygynyň häsiýeti üýtgedi. Ol şägirtler bilen birnäçe güni Şamda geçirdi (Resullaryň işleri 9:19). Haçanda Pawlus şägirtleriň ýanyna geleninde, olaryň oňa dostluk ellerini uzadandyklary hakynda biz bilýäris. Üçünjiden, Pawlusyň gözýetimleri üýtgedi. Özüniň ýehudy mirasyna söýgüsini ýitirmän, ol doň ýürekli duşmandan mesihi ynamyny çözgütlilik bilen wagyz edýäne öwrüldi. «Derrew hem Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada sinagogalarda wagyz etmäge başlady» (Resullaryň işleri 9:20). Pawlusyň akyl ýetiriş ynamlary üýtgedi. Fariseýleriň Mesihe garaşmaklyk nazarýetleriniň garşy çykýandyklaryna seretmezden, Pawlusyň öz hususy tejribesi Isanyň Mesihdigini boýun almaklyga ony mejbur etdi. Mesihe bolan onuň täze düşünjesi onuň dünýägaraýşynyň bütinleý öwrülmegini aňladýardy. Jak Dýupon şeýle belläp geçýär, ýagny Pawlus «haça çüýlenen adamyň Mesih bolup bilýändigini bütin höwesi bilen ret edeninden soň, ol Isanyň dogrudan hem Mesihdigine ynandy we bu täze ynamyň netijesinde onuň ähli mesihe garaşmaklyk nazarýetleri büs-bütin özgerdi». Indi ol özi üçin öň Isanyň haçdaky ölüminiň Hudaýyň näleti we adamzat durmuşynyň tamamlanmagynyň rehime mynasypdygy ýaly bolup görünýäniniň, hakykatda bolsa, Hudaýyň Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrmaklygynyň nyşanydygyna düşünip bildi. Ahyrynda Pawlus haçdaky ölümi bilen Mesihiň «biziň üçin nälet» (Galatýalylar 3:13) bolandygyna we «biziň üçin günä» (2 Korintoslylar 5:21) öwrülendigine düşünip bildi. Mesihiň ölümi ýeňliş däl-de, beýik ýeňiş bolupdy, çünki ol ölülerden direlmeklik arkaly ýeňilipdi. Haç Hudaýyň halas etmekliginiň özeni bolup, «büdreme daşy» bolmaklygyny bes etdirdi. Pawlusyň hoş habarçylyk wagyzlaryny şu sözlere getirse bolýandyr: «Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi. «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi« (Resullaryň işleri 17:3). Dördünjiden, onuň işiniň manysy üýtgedi. Ýewreý dällere bolan doly ýigrençli adamdan ol hut şol adamlara ýüzlenen wagyzça öwrüldi. Ýehudy ynamynyň janköýerinden ol hoş habarça öwrüldi. Ýewreý we fariseý bolan Saul ýewreý dällere ýokardan seredýärdi we olarda Hudaýyň saýlan halky bilen deňeşdirilende, has pes jynsy görýärdi. Şamdaky bolup geçen waka ony öz durmuşyny ýewreý dällere kömege bagyşlan berk ynamly resula öwürdi. Özüne görnen Mesihde Pawlus ähli halklaryň Halasgärini gördi. Maksady iudaizmi berk saklamaklyk bolan dindar fariseýden ol mesihiler diýlip atlandyrylýan, ýagny öňler özüniň oňa garşy gaty berk göreşen täze sektanyň wagyzçysy boldy. Ol şeýle bir üýtgäpdi welin, hatda «muny eşidenleriň bary geňirgenişip: Iýerusalimde şu Ady tutanlary ýere ýegsan eden bu dälmidi? Ol bu ýere olary tutup, baş ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme? — diýişýärdiler (Resullaryň işleri 9:21). Taryhçy Filipp Şaff şeýle tassyklaýar, ýagny «Pawlusyň ynanmaklygy — bu diňe bir onuň şahsy durmuşyndaky öwrümli nokat däldir, ol bütin resullaryň ýygnagynyň taryhyndaky, şuňa laýyklykda, bütin adamzadyň taryhyndaky wajyp döwrüň nyşanydyr. Bu waka özüniň netijeleri bilen diňe Ellinji gündäki bolup geçen täsinlik bilen deňeşdirilip bilinýändir. Ol mesihiligiň bütindünýä ýeňşini üpjün etdi». Bir gezek men Hýuston uniwersitetinde günortanlyk naharyny edinenimde, bir talybyň ýanynda oturdym. Men mesihilik hakynda gürrüňe başladyk we ol mesihiligiň we Mesihiň Özüniň hem hiç hili taryhy tassyklamalarynyň ýoklugyny aýtdy. Ol talyp hünäri boýunça taryhçydy we men onuň kitaplarynyň arasynda Rimiň taryhy boýunça okuw kitabyny gördüm. Ol şu kitapda resul Pawlus we mesihilik hakynda babyň bardygyny boýun aldy. Ol bu baby okap, onuň Tarsusly Saulyň durmuşy hakyndaky gürrüň bilen başlap, resul Pawlusyň durmuşynyň beýany bilen gutarýandygyna haýran galypdyr. Babyň iň soňunda şeýle ýazylypdyr, ýagny aralykda (Saulyň Pawlusa öwrülmeginiň aralygynda) näme bolandygy belli däl. Şonda men Injilden «Resullaryň işleri» kitabyny açyp, Isanyň ölülerden direleninden soň Pawlusa görnendigi hakynda gürrüň berdim. Munuň Pawlusyň mesihilige ynanmaklygynyň iň mümkin bolan düşündirilişidigi bilen ylalaşdy. Soňabaka ol talybyň özi hem Mesihe edil özüniň Halasgäri hökmünde ynandy. Elias Endrýus şeýle diýýär: «“Fariseýleriň fariseýiniň” bu düýpgöter özgermesinde köpler Pawlusyň ynanan dininiň hakykatynyň we güýjüniň iň ynandyryjy subutnamalaryny tapdylar. Şeýle-de, Mesihiň häsiýetiniň gymmatyna we roluna düşündiler». Aberdindäki uniwersitetiň professory Arçibald Mak-Braýd resul Pawlus hakynda şeýle ýazýar: «Onuň eden işleriniň ýanynda… Aleksandr Makedonskiniň we Napoleonyň ýeňişleri hiç zat ýaly bolýandyr». Klement şeýle diýýär: «Pawlus ýedi gezek zynjyrlarda tapdan düşdi, Hoş Habary Gündogarda we Günbatarda wagyz etdi, Günbatarda okeanyň kenarlaryna çenli baryp ýetdi we häkimiýetleriň elinden görgi görüjiniň ölümi bilen öldi». Diri, ölülerden direlen Isanyň öz durmuşyny özgerdendigi hakynda gaýtalamaga Pawlus ýadamazdy. Ol Mesihiň ölülerden direlendigine şeýle bir ynamlydy welin, hatda özi hem öz ynamy üçin görgi görüjiniň ölümi bilen öldi. Oksfordyň iki professorlary, Gilbert Uest we jenap Littlton, özleri üçin şeýle maksat edindiler: mesihi ynamynyň esaslaryny dargatmaklyk. Uest ölülerden direlmeklik pikiriniň ýalandygyny subut etmek isleýärdi, Littlton bolsa Tarsusly Saulyň mesihilige ýüzlenmändigini görkezmekligi niýet edinipdi. Olaryň ikileri-de göni garşydaş netijelere geldiler we Isanyň berk ynamly yzyna eýerijileri boldular. Jenap Littlton şeýle ýazýar: «Ünsli barlag geçiriji üçin Pawlusyň diňe ynanmaklygy we onuň resullyk hyzmaty mesihiligiň Hudaýyň Ylhamy bolandygynyň subutnamasy üçin ýeterlidir». Jemleýji sözünde ol şeýle ýazýar, ýagny eger Pawlusyň ýigrimi bäş ýyl ejir çekmekligi we Mesihe hyzmaty dogrudan hem orun alan bolsa, onda, elbetde, onuň mesihilige ynanmaklygy hem orun alandyr, çünki onuň ähli edenleri bu garaşylmadyk özgermeden başlanandyr. Eger-de ol dogrudan hem mesihilige ynanan bolsa, onda diýmek Isa Mesih ölülerden direlendir: çünki Pawlus näme diýip, näme eden bolsa, ol hemişe bularyň baryny özüniň ölülerden direlen Mesihi gören wagty bilen baglanyşdyrýar. 8-nji bap. Isa direldi! Hakykatdan hem direldi! Bir gezek Urugwaýda bir talyp maňa şeýle sorag berdi: — Professor Makdauell, näme üçin siz mesihiligi ret etmeýärsiňiz? Şonda men oňa şeýle jogap berdim: — Ýeke bir sebäp boýunça. Men adamzadyň taryhyndaky bir waka başga hiç hili düşündiriş tapyp bilmeýärin: bu waka — Isa Mesihiň direlmegi. Men bu soragy öwrenmeklik üçin 700-den hem gowrak sagat wagtymy sarp etdim we onuň çeşmelerini gaty üns bilen yzarlap barladym we şeýle netijä geldim: Isa Mesihiň ölülerden direlmekligi — bu ýa-da haçan-da bolsa bir wagt adamzada güýç bilen bagly edilen iň ýaman, iň zalym we hilegär galplygyň biridir, ýa-da adamzadyň bütin taryhynyň iň wajyp faktydyr. «Mesihilik hakyky esasa eýemikä?» diýen soragy ölülerden direlmeklik jedeli synlap oýlanylmadan taryh meselesine geçirýändir. Mesihiligiň kabul edilip bilinjek taryhy esasy barmy? Ölülerden direlmeklige esaslandyrylan ynam üçin bizde ýeterli subutnamalar barmy? Ine, bu sorag üçin wajyp bolan birnäçe faktlar: Ýewreý pygamberi, Köne Ähtiň pygamberliklerinde Özi hakynda aýdylan Mesihdigini tassyklan Nasyraly Isa ele salnypdy, syýasy jenaýatçy hökmünde höküm edilipdi we haça çüýlenipdi. Onuň ölüp, jaýlananyndan üç gün geçeninden soň, birnäçe aýallar mazara gelip, jesediň ýogalandygyny aýan edýärler. Onuň şägirtleri Hudaýyň Ony ölülerden direldendigini we Göklere galmazyndan ozal özlerine birnäçe gezek görnendigini tassyklapdylar. Şu esasda peýda bolan mesihilik bütin Rim imperiýasyna ýaýrady we ençeme asyrlaryň içinde taryhyň gidişine öz täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, sorag: Isanyň ölülerden direlmekligi dogrudan hem bolup geçdimi? Isanyň jaýlanyşy Jaýlamaklygyň ýewreý däbine görä, Isanyň jesedi kepene dolanypdy. Jesede we kepene 50 kg golaý şepbişik garyndy görnüşikdäki atyr ysly zatlar dolanandy (Ýahýa 19:39-40). Jeset daşdan edilen mazara goýlanyndan soň (Matta 27:60), onuň girelgesi uly daş bilen ýapylypdy (agramy iki tonna golaý). Bu daşy leňňerler bilen süýşürerdiler (Markus 16:4). Özleriniň tertiplilikleri bilen tanymal bolan rim esgerleri girelgäni goramalydylar. Agyr jezanyň alnyndaky gorky «harby borjy, esasan-da, gijeki nobatda, birkemsiz ýerine ýetirmeklige mejbur edýärdi». Gorag mazara girelgäni Rimiň güýjüniň we ygtyýarlygynyň naşyny bolan Rim möhüri bilen möhürlediler. Daşy ýerinden gymyldatmaga synanyşan her kes hökman möhüre zyýan ýetirerdi we kanunyň gazabyny öz başyna düşürerdi. Näme bolsa-da, mazar boşdy! Boş mazar Isanyň ölülerden direlendigi hakynda Onuň şägirtleri aýdypdylar. Onuň özlerine kyrk günüň dowamynda görnendigini şägirtler tassyklapdylar. Özüniň peýda bolmalaryny «köp kesgitli alamatlar» bilen ederdi (Resullaryň işleri 1:3). Resul Pawlus bir gezek Isanyň 500-den hem gowrak şägirtlerine görnendigi hakynda gürrüň berýär. Şol wagtlar bu şol şägirtleriň köpüsi diridiler we Pawlusyň sözlerini tassyklap bilerdiler (1 Korintoslylar 15:3-8). A. M. Ramsi şeýle ýazýar: «Men ölülerden direlişe ynanýaryn, munuň bir sebäbi — onsuz giden faktlaryň toplumyny düşündirip bolmaýanlygy üçindir». Boş mazar — «ony terk eder ýaly, ol gaty jenjelli faktdyr». Paul Althaus şeýle belläp geçýär, ýagny «eger mazarda jesediň ýoklugy hemmelere mälim fakt ýaly kesgitlenen bolmasady, onda ölülerden direlmek hakyndaky gürrüňlere hiç kim hem ýekeje gün, ýekeje sagat-da ynanmazdy». Ine, Pol L. Maýeriň gelen netijesi: «Eger biz ähli bar bolan şaýatlyklary ünsli we adalatlylyk bilen ölçesek, onda taryhy barlaglaryň ähli düzgünleri boýunça biz ynandyryjy netijä gelip bilýändiris: Isanyň goýlan mazary şol gün daňdan hakykatdan hem boşdy. Bu netijäni ýalana çykarar ýaly, şu güne çenli hem ne edebi çeşmelerde, ne epigrafikada, ne-de arheologiýada ýekeje-de şaýatlyk tapylan däldir». Bu boş mazary nädip düşündirmelikä? Belki-de, nähilidir bir tebigy sebäp bolandyr? Ýalana çykaryp bolmaýan taryhy subutnamalaryň esasynda, mesihiler Hudaýdan gelýän tebigy bolmadyk güýç Isany tende, wagtda we giňişlikde ölülerden direltdi diýip tassyklaýarlar. Elbetde, kimdir biri üçin muňa ynanmaklyk ýeňil däldir. Emma muňa ynanmazlyk — çözülmesi ondan hem kyn bolan kynçylyklara sataşmaklygy aňladýandyr. Mazaryň Isanyň ölülerden direldilenden soňky ýagdaýy uly mana eýedir. Rim möhüri döwlendi — bu bolsa (möhüri döwen adam üçin) haýal etmän başaşaklygyna haça çüýlenmeklik jesasyny aňladýardy. Ullakan daş ýöne ýerinden gozgalyp, ajazyk süýşürilmän, eýsem mazardan daşda durdy, edil diýersiň ony ýokary galdyryp, mazardan daş ýere eltip goýanlary ýalydy. Goragçylar gaçyp gidipdirler. Taryhçy Žastiniň işinde gorag esgerine garaşýan ölüm jesasynyň on sekiz sebäbi ýazylandyr. Olaryň arasynda şeýle ýagdaý hem bar, ýagny eger nobatçy sakçy öz ýerinde uklasa ýa-da meýletinlik bilen öz ýerini taşlasa, onda ol ölüm jesazyna berilmelidir. Mazara aýallar gelýärler we onuň boşdugyny görýärler. Olar aljyraňňylyga düşýärler we yzlaryna dolanyp gelip, erkekleri çagyrýarlar. Petrus bilen Ýahýa mazara tarap ylgaýarlar. Ýahýa birinji bolup ylgap gelýär, emma girmeklige het etmeýär. Ol içerik seretdi we kepeni görýär. Kepen biraz teniň görnüşini saklapdy, emma boşdy. Ten täze ýaşaýşa başlamaklyk üçin ony taşlapdy. Göni aýdalyň: şeýle hadysa islendik adamy hem azajyk wagtlap bolsa-da, ynanýan edýändir. Ölülerden direlmekligi tebigy sebäpler bilen düşündirýän ähli nazarýetler gaty ynandyryjy däldir; umuman aýdanymyzda, olar ölülerden direlmeklige bolan ynamy berk edýändir. Başga mazar? Kirsopp Leýkiň wagyz edýän nazarýeti şeýle diýýär, ýagny teniň ýok bolandygyny habar beren aýallar ýöne mazarda ýalňyşypdyrlar. Şeýle bolsa, onda olaryň yzyndan yglap gelen şägirtler hem başga mazara barmalydylar. Emma biz öz talaplary boýunça (hut teniň ogurlanmagynyň öňüni almaklary üçin!) mazaryň agzynda gorag goýan ýewreý hämiýetleriniň mazaryň nirede ýerleşendiginde ýalňyşmandyklaryna berk ynamly bolup bilýändiris. Mazaryň agzynda duran rim esgerleri bolan garawullar hem ýalňyşyp bilmezdiler. Eger dogrudan hem şägirtler başga mazara baran bolsadylar, onda ýewreý häkimiýetleri hakyky mazardan jesedi çykaryp görkezerdiler we ölülerden direlmeklik baradaky ähli myş-myşlaryň soňuna çykardylar. Ölülerden direlmekligi düşündirýän ýene bir nazarýet şeýle tassyklaýar, ýagny ölülerden direlmeden soňky Isanyň peýda bolmaklygy — bu ýöne göze görünmeklik, ýagny gallýusinasiýadyr. Ýöne bu nazarýet göze görünýän gallýusinasiýalara ýolbaşçylyk edýän psihologik kanunlara gapma-garşy çykýandyr; ol ne taryhy ýagdaý bilen, ne-de resullaryň ruhy ýagdaýlary bilen hem gabat gelýän däldir. Onsoňam, hakyky jeset nirede bolupdyr we näme üçin ony hiç kim hem görmändir? Bihuş bolmaklyk nazarýeti Bu nazarýet Wenturinide birnäçe ýüzýyllyklar mundan ozal giňdeň ýaýrapdy we şu güne çenli hem ol hakda ýygy-ýygydan ýatlaýarlar. Onuň tarapdarlary şeýle diýýärler, ýagny Isa hakykatda ölmändir: Ol horlukdan we gan ýititmeden ýöne bihuş bolupdyr. Hemmeler Onuň ölendigi hakynda oýlandylar, emma soňra Ol özüne geldi, şägirtleri bolsa Onuň ölülerden direlendigini tassykladylar. Skeptik Dewid Fridrih Ştrausyň özi ölülerden direlmeklige ynanmaýar. Emma «bihuş bolmaklyk nazarýeti» hakynda şeýle diýýär: «Güýçsüzlikden aýak üstünde durup bilmeýän, ýaralarynyň baglanylmagyna, bejerilmäge, medisina kömegine mätäç bolan we fiziki ejirleriň ygtyýarynda bolan, mazardan ogurlanyp, ýarym öli ýagdaýyndaky adam öz şägirtlerine birden şeýle täsir edip bilmekligi — bu mümkin däl zatdyr. Onuň täsiri ölümi ýeňeniň, Ýaşaýşyň Hökümdarynyň täsiridi — hut şu täsir hem onuň şägirtleriniň geljekki ähli wagyzlarynyň esasy boldy ahyryn. Şeýle direlmeklik Onuň olara ýaşaýyşda we ölümde ýetiren täsirini diňe gowşaklandyryp bilýärdi. Iň oňat ýagdaýda, bu olara gaýgyly täsir edip bilerdi, emma hiç bir ýagdaýda-da, olaryň gaýgylaryny şatlyga öwrüp bilmezdi». Jesedi ogurlapdyrlar? Ýene bir nazarýet bar: garawullar uklap ýatyrkalar, şägirtler jesedi ogurlapdylar (Matta 28:1-15). Şägirtleriň lapykeçligi we gorkaklygy — bu nazarýete garşy güýçli esaslar: jesedi esgerleriň burunlarynyň astyndan ogurlap giderleri ýaly, nädip olar birden şeýle batyrgaý we çözgütli bolup bildiler? Olar şunuň ýaly ýa-da şuňa meňzeş bir karar kabul ederleri ýaly ýagdaýda däldiler. J. H. Anderson — geçmişde London uniwersitetiniň ýuridiki bölüminiň dekany, Gündogaryň we Afrikanyň gündogar kanunlary bölüminiň ýolbaşçysy, London uniwersitetindäki hukuk Institutynyň müdiri. Ine, ol edil şägirtler Isanyň jesedini ogurlapdylar diýen nazarýet hakynda näme diýýär: «Bu biziň olar hakda bilýänlerimiziň baryna — olaryň ahlak kadalaryna, olaryň ýaşaýyş düzgünlerine garşy çykardy. Munda başga-da, bu nazarýet olaryň lapykeçli gaçgaklar ýagdaýlaryndan edermenliklerini hiç hili hem jebir-jepalaryň döwüp bilmedik şaýatlara täsin halda öwrülmekligine hiç hili düşündiriş hem bermeýär». Ýene bir nazarýet: «ýewreý ýa-da rim häkimiýetleriniň özleri jesedi mazardan aýyrdylar. Ýöne bu hem şägirtleriň özleriniň jesedi mazardan ogurlandyklaryndan hiç-de ynandyryjy däldir. Eger häkimiýetleriň özleri jesedi alan bolsalar ýa-da onuň nirede ýerleşýändigini hiç bolmanda bilen bolsadylar, onda haçanda şägirtler Isanyň ölülerden direlendigi hakynda wagyz edip başlanlarynda, olar düşündiriş bilen çykyş etmediler? Näme üçin häkimiýetler jesediň nirededigi hakynda aýtmadylar? Näme üçin olar jesedi araba ýükläp, ony Iýerusalime äkidip, hemmelere göz etmediler? Şeýle eden bolsadylar, onda bu mesihiligiň soňuna nokat goýardy. Bu barada d-r Jon Uorwik Montgomeri şeýle diýýär: «Ilkinji mesihileriň şeýle galplygy oýlap tapyp, Isanyň jesedini olaryň gözleriniň alnynda goýup, ony ýalana çykaryp bilýän adamlaryň öňlerinde wagyz edip bilmeklerine ynanar ýaly däl». Ölülerden direlmekligiň peýdasyna bolan şaýatlyklar Üç toplumly Rimiň taryhynyň meşhur awtory, Oksforddaky täze taryh kafedrasynyň işgäri bolan professor Tomas Arnold taryhy faktlaryň anyklanylmagy üçin şaýatlyklaryň wajypdygyna oňat düşünipdi. Ol şeýle ýazýar: «Ençeme ýyllap men beýleki döwürleriň taryhlaryny öwrendim, bu döwürler barada ýazan awtorlaryň şaýatlyklaryny barladym we ölçedim. Isanyň ölüp, ölülerden direlendigini görkezmeklik üçin Hudaý bize beýik nyşan berdi. Bu nyşan öňden ýalan ynamly bolmadyk barlagçynyň göz alnynda has ynamly we doly şaýatlyklar bilen tassyklanyldy. Men adamzat taryhynda mundan başga hiç hili şunuň ýaly fakty bilmeýärin». Iňlis alymy Bruk Foss Uestkott şeýle ýazýar: «Ähli şaýatlyklaryň birleşmeleriniň esasynda, taryhda ýekeje waka hem Isanyň ölülerden direlişi ýaly şeýle doly we köp taraplaýyn dokumentlenen däldir diýip aýtmaklyk çişirme bolýan däldir. Diňe esaslandyrylmadyk, anygyna ýetilmedik ynam bar bolan subutnamalar doly däl diýip hasaplamaga barlagçyny mejbur etdirip bilýändir». D-r Saýmon Grinlif amerikan ýuristleriniň iň meşhurlarynyň biridi. Ol Garward uniwersitetinde ýustisiýanyň meşhur professorydy. Ol şol uniwersitetde skandinaw hukugynyň professory ornundaky kazy Jozef Srotiniň ýerini eýeledi. G. Notts özüniň ady belli «Amerikan biografiýalarynyň sözlüginde» ol hakda şeýle ýazýar: «Garward ýuridiki instituty Birleşen Ştatlardaky özüne meňzeş okuw jaýlarynyň arasynda özüniň häzirkisi ýaly şeýle ýokary derejä ýetmekliginde Stori bilen Grinlifiň huzmatlaryna borçludyrlar». Garwardda hukuk boýunça professor bolanynda, Grinlif Isanyň ölülerden direlmekligi hakyndaky resullaryň beren görkezmeleriniň ýuridiki gymmatyna bagyşlap bir kitap ýazýar. Ol «eger Isa dogrudan hem ölülerden direlmedik bolsa we eger resullara bu fakt beýleki islendik fakt ýaly oňat tanyş bolmasady, onda resullar özleriniň wagyz eden hakykatlarynyň dogrulygynda erjellik edip bilerdiler» diýen göz öňüne tutmany mümkin däl nazarýet ýaly aradan aýyrýar. Grinlif şeýle netijä gelýär, ýagny eger adaty sudlarda hereket edýän ýuridiki bahalanmanyň şaýatlyklarynyň düzgünlerinden ugur alynsa, onda Isanyň ölülerden direlmekligi — bu taryhdaky iň şübhesiz wakalaryň biridir. Frank Morison atly başga bir ýurist ölülerden direlmekligiň şaýatlyklaryny ýalana çykarmaklyk kararyna gelipdir. Ol Isanyň bütin adamzatdan hem oňat durmuş bilen ýaşandygyny terk etmeýär. Ýöne haçanda gürrüň ölülerden direlmek hakynda gideninde, ol muňa Isanyň hakyky taryhynyň kimdir biri tarapyndan «bezelen» toslamasy diýip hasap edýär. Ol Isanyň durmuşynyň iň soňky günleriniň birnäçesiniň taryhyny ýazmak isläpdir. Elbetde, ölülerden direlmek hakynda ol hatda ýatlamaga-da synanyşmandy. Ol Isanyň ömür beýanyna bolan aňly-düşünjeli çemeleşme ölülerden direlmeklik soragyny gürrüňsiz aradan aýyrjakdygyna ynamlydy. Ýöne ol hünärmen ýuristiň gözýetimi bilen ähli faktlar bilen tanyş bolanynda, öz pikirini üýtgetdi. Bary onuň «Kim daşy aýyrdy?» atly gürrüňi uly bolan kitaby ýazmaklygy bilen gutardy. Bu kitabyň birinji baby «Ýazylmak islemedik kitap» diýlip atlandyrylýar, galan baplarda bolsa ol Isanyň ölülerden direlmekliginiň peýdasyna bolan şaýatlyklary çözgütlilik bilen beýan edýär. Ine-de, Jorj Eldon Leddiň gelen netijesi: «Bu ähli taryhy faktlaryň ýeke-täk aňly-düşünjeli düşündirişi şunda jemlenendir, ýagny Hudaý Isany tende direltdi». Biziň döwrümizde Isa Mesihe ynanýan birinji mesihileriň ynanyşlary ýaly, özüniň ynamynyň toslamalara ýa-da rowaýatlara däl-de, berk gurnalan taryhy faktlara esaslandyrylandygyna 100 prosent ynamly bolup bilýändir. Bu taryhy fakt bolsa şeýledir: Isa ölülerden direldi we mazar boşdy. Ýene-de iň wajyp zat şundadyr, ýagny her bir ynanan adam biziň günlerimizde ölülerden direlen Isanyň güýjüni özüniň şahsy tejribesinde duýup bilýändir. Ilki bilen, ol özüniň günäleriniň bagyşlanandygyny bilip bilýändir (1 Korintoslylar 15:3). Ikinjiden, oňa baky ýaşaýyş we ölülerden direlmeklik üpjün edilendir (1 Korintoslylar 15:19-26). Üçünjiden, ol manysyz we boş durmuşyň gysajalaryndan çykýandyr we Isa Mesihde täze adam bolup bilýändir (Ýahýa 10:10; 2 Korintoslylar 5:17). Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz? Siz nähili karar kabul edersiňiz? Boş mazar hakynda siz näme pikir edýärsiňiz? Öň Angliýanyň beýik kazysy bolan jenap Dawling ähli bar bolan maglumatlary ýuristiň garaýyşlary bilen öwrenip, şeýle netijä gelipdir: «Bizde oňat we erbet, göni we göni däl bolan jedelsiz şaýatlyklaryň şeýle köplügi bar welin, dogry pikirlenýän islendik kazynyň karary diňe şeýle bolup bilýändir: ölülerden direlmeklik hakyndaky gürrüň — hakykatdyr». Isa direldi. Hakykatdan hem direldi! 9-njy bap. Kim bu ýerde hakyky Mesih? Eliňizi galdyryň! Isa Özüniň Mesihdigini, Hudaýyň Ogludygyny tassyklaýan subutnamalaryň sanardan artygyna eýedi. Şu bapda biz olaryň diňe biri bilen iş salşarys — Onuň durmuşynda pygamberlikleriň amala aşmaklary. Söhbetdeşlerine Özüniň Mesihdigini görkezmek üçin Isa hemişe olara Köne Ähtiň pygamberliklerini ýatladardy. Ine, galatýalylara ýazylan hat (4:4): «Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly, Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady». Bu — Isa Mesihde pygamberligiň amala aşandygyna bolan görkezmedir. «Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi» (Luka 24:27). «Olara şeýle diýdi: “Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr”» (ýokardaky babyň 44-nji aýady). Ol şeýle diýdi: «Siz Musa iman eden bolsadyňyz, onda Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy» (Ýahýa 5:46). Şeýle-de: «Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy» (Ýahýa 8:56). Haçanda resullar Isanyň hakykatdan hem Hudaýyň Ogly, Mesih we Halasgärdigini subut etmeli bolanlarynda, olar (olaryň hatarynda Täze Ähti ýazanlar hem) elmydama amala aşan pygamberliklere görkezerdiler. «Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi» (Resullaryň işleri 3:18). «“Pawlus öz endigine görä, olaryň arasyna bardy. Üç sabat olara Mukaddes Ýazgylardan (ýagny Köne Ähtiň kitaplaryndan) gürrüň berdi. Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi. «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir” diýdi» (Resullaryň işleri 17:2-3). «Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä (başgaça aýdanymyzda, Isanyň ölümi Onuň entek dünýä inmezinden ençeme wagt ozal Köne Ähtde ýazylandy), biziň günälerimiz üçin öldi. Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi» (1 Korintoslylar 15:3-4). Bir adamda, ýagny Isa Mesihde amala aşan Köne Ähtiň esasy altmyşa gowrak we takmynan 270 sany anyklama bar. Isada amala aşan bu pygamberlikleriň hemmesine Onuň «pasporty» ýaly seretmeklik gaty peýdaly bolýandyr. Belki-de, siz hiç haçan hem öz pasportyňyzdaky takyk maglumatlaryň nähili mana eýedigi hakynda özüňize doly hasap beren dälsiňiz. Hut şol ownuklar-da bizi dünýäde ýaşaýan dört milliard döwürdeşlerimizden tapawutlandyrýandyr. Taryhy «pasport» Hudaý dünýäde — geçmişde, häzirki wagtda we geljekde bar bolan adamlaryň ählisinden hem aýratyn edýän Özüniň Oglunyň, Mesihiň, adamzadyň Halasgäriniň alamatlaryny taryha has hem ünslülik bilen ýazdy. Bu alamatlar giňişligine Köne Ähtde ýazylandyr. Bu dokument 1000 ýylyň içinde ýazyldy we ol Onuň gelmekligine görkezýän 300 sany görkezmäni özünde saklaýandyr. Ähtimallyk nazarýeti boýunça, şeýle pygamberlikleriň hatda kyrk sekiziniň bir adamda amala aşmakly üçin 10157-den diňe bir mümkinçilik bardyr. Hudaý tarapyndan berlen görkezmeler boýunça adamy kesgitlemek, Mesih baradaky öňünden aýdylan pygamberlikleriň hiç bolmanda ol adamyň adamlara görünmeginden 400 ýyla gowrak öň aýdylandygy bilen çylşyrymlaşýar. Elbetde, bu ýerde käbirleri garşy çykyp, şeýle diýerler, ýagny bu pygamberlikler Mesihden soň ýazylypdyr we Onuň durmuşy bilen laýyk geler ýaly edilip sazlaşdyrylypdyr. Bu garşy çykma ilki bada esaslandyrylan ýaly bolup görnüp biler, emma diňe şuny bilmäniňde, ýagny bireýýäm biziň eramyzdan öň 150-200-nji ýyllarda Köne Ähtiň gadymy ýewreý dilindäki teksti grek diline terjime edilipdi. Bu grek terjimesi bu pygamberlikleriň ýazylan wagty bilen olaryň Isada ýerine ýetendiginden iň azyndan ikiýüzýyllygyň aýyrýandygyny subut edýär. Elbetde, diňe hakyky Mesih Hudaýdan berlen alamatlar bilen gabat gelip bilerdi. Adamlaryň özlerini ýewreý Mesihleri diýip atlandyrylan pursatlarynyň takmynan kyrka golaýy mälim. Emma diňe olaryň biri — Isa Mesih — şeýle diýmekligi bilen, amala aşan pygamberlikleri ulandy we diňe Onuň ýagdaýynda subutnamalar ynandyryjydy. Şeýlelikde, bular nähili jikme-jik wakalar? Hudaýyň Oglunyň gelmekligine nähili wakalar laýyk gelmelidi? Ilki bilen biz «Gelip çykyş» kitabyna (3:15) dolanmalydyrys. Bu — Mesih baradaky birinji pygamberlikdir. Bütin Ýazgylarda diňe bir adam «aýalyň tohumyndan» dogulýar, galanlaryň ählisi erkegiň tohumyndan dogulýandyr. Bu ýerde dünýä gelip, şeýtanyň ýaradanlaryny derbi-dagyn etjek adam hakynda gürrüň edilýändir («Onuň nesli seniň kelläňi owradar»). Gelip çykyş kitabynda (9 we 10-njy baplar) Hudaý alamatlary anyklaşdyrýar. Nuhuň üç ogly bardy: Şem, Ýafes we Ham. Şu wagt bar bolan islendik halk şu üç doganlaryň birinden gelip çykýandyr. Emma Hudaý Özüniň şeýle diýmekligi bilen, halklaryň üçden ikisinden Mesihiň peýda boluş mümkinçiligini alýar. Mesih diňe Şemiň neslinden geler. Onsoň biziň eramyzdan öň 2000-nji ýyla golaýlaşyp, Hudaýyň Ybraýym atly adamy Babylyň Ur şäherinden çagyrýar. Ybraýym bilen gürrüňinde Hudaý has anyk gürleýär, ýagny Mesih Ybraýymyň nesliniň biri bolar (Gelip çykyş 12, 17, 22). Ýerdäki ähli nesiller Ybraýymyň üsti bilen pata alarlar. Haçanda Ybraýymyň iki ogly, ýagny Ysmaýyl bilen Yshak doglanynda, Ol ikinjini — Yshagy saýlamaklygy bilen tegelegi has-da gysgaltdy (Gelip çykyş 17, 21). Yshagyň iki ogly bardy: Esaw we Ýakup. Hudaý Ýakubyň neslini saýlaýar (Gelip çykyş 28, 35:10-12; Sanlar 24:17). Ýakubyň on iki ogullary bardy we olardan Ysraýylyň on iki tiresi gelip çykýar. Hudaý on iki tireleriň on birini terk edýär we diňe Ýahudanyň tiresini saýlaýar. Ýahudanyň ähli nesillerinden saýlaw diňe Ýesseden gelýän şaha düşýär (Işaýa 11:1-5). Tegelek gitdigiçe gysgalýar… Ýessäniň sekiz çagasy bardy. Emma Şamuweliň ikinji kitabynda (7:12-16) we Ýeremiýa pygamberiň kitabynda (23:5) Hudaý Ýessäniň sekiz nesliniň ýedisini terk edýär: Hudaýyň Ibereniniň diňe bir aýalyň tohumyndan, diňe bir Şemiň neslinden, diňe ýewreýlerden, diňe bir Yshagyň, Ýakubyň we Ýahudanyň neslinden bolman, eýsem Dawudyň öýünden hem boljakdygyny biz bilip bilýändiris. Biziň eramyzdan öň 1012-nji ýyl bilen senelendirilen pygamberlik (Mezmur 22:7-19; Zekerýa 12:10; Galatýalylar 3:13 bilen deňeşdir) şeýle diýýär, ýagny Hudaý tarapyndan Iberileniň elleri we aýaklary deşiler (ýagny edil haça çüýlenendäkisi ýaly bolar). Şeýle beýannama entek şunuň ýaly jezalandyrylmanyň (rimliler tarapyndan) girizilmeginden entek 800 ýyl öň ýazylan. Isaýa şeýle diýýär (7:14), ýagny Ol erkege ýanaşmadyk gyzdan dogular: tebigy däl ýagdaýda göwreli bolup, tebigy ýagdaýda dogmaklyk — bu bireýýäm adamzadyň mümkinçiliginden we barlagyndan daşa çykýan pursatdyr. Işaýanyň pygamberlikleri (8:14; 28:16; 49:6; 50:6; 52:53; 60:3) we Zeburdaky birnäçe pygamberlikler (22:8; 10; 118:22) Hudaýyň Iberilenine garaşýan jemgyýetçilik ýagdaýy we hereketi beýan edýär: Öz halky bolan ýewreýler Ony terk ederler, ýewreý däller bolsa Oňa ynanarlar. Ondan öň Onuň habarçysy geler (Işaýa 40:3; Malaky 3:1), Rebbe ýol taýýarlaýan «çölde gygyrýanyň sesi», ýagny Ýahýa suwa çümdüriji geler. Otuz bölek kümüş Geljekki gaýgyly sahnany has-da anyklaşdyrýan pygamberliklerdäki ýedi anyklandyrmany belläp geçmeklik hem wajypdyr (Zekerýa 11:11-13; Mezmur 40-y Ýeremiýa 32:6-15 we Matta 27:3-10 bilen deňeşdir). Mesihiň şeýle boljakdygyna Hudaý görkezýär: 1. Oňa dönüklik ediler, 2. dönüklik etjek Onuň öz dosty bolar, 3. otuz teňňä, 4. teňňeler kümüşden bolar, 5. bu teňňeler ýere atylar, 6. hut ybadatnananyň içinde taşlanar, 7. bu pullara küýzegäriň ýeri satyn alnar. Mesihiň dogulmaly ýeri üçin halky 1000 adamdan hem az bolan Beýtullahamy Hudaýyň ýer ýüzündäki ähli şäherlerden saýlandygy hakynda Mikaý 5:2-de ýazylandyr. Onsoň bolsa, pygamberlikleriň ençemesinde Ol hatda Mesihiň geljek döwrüni hem görkezipdi. Mysal üçin, Malaky 3:1-de we Köne Ähtiň ýene dört sany beýleki ýerlerinde şeýle diýlendir, ýagny entek Iýerusalim ybadathanasy durka, Mesih gelmeli. Bu pygamberlik uly mana eýe, çünki bu ybadathana biziň eramyzyň 70-nji ýyllarynda ýykylypdy we şu güne çenli hem dikeldilmändir. Anyk nesil şejeresi, ýeri, wagty we dogylyş usuly, adamlaryň hereketleri, dönüklik, zejalandyrylmanyň görnüşi… Bularyň bary — Hudaýyň Ogluny, Mesihi, adamzadyň Halasgärini tanamaga mümkinçilik berýän «pasportyny» düzýän ýüzlerçe bellikleriň diňe kiçijik bölegidir. Belki-de, bu bary-ýogy tötänlikden gabat gelmeklikdir? «Bolanda näme, bu pygamberlikler bölekleýin J. Kennedide, M. L. Kingde, G. A. Naserada we şuňa meňzeşleriň ençemelerinde amala aşdy», — diýip, tankytçy aýdar. Hawa, durmuşlarynda birnäçe pygamberlikleriň amala aşan iki ýa-da üç adamy tapyp bolýandyr, — emma esasy altmyş we 270 sany anyklamalaryň ählisi ol adamlaryň ýekejesinde-de amala aşyp bilen däldir. Ýogsa-da, eger siz Fred Jon Meldaunyň «Mesih Äthleriň ikisinde-de» diýen kitabynda agzalan Mesih baradaky pygamberlikleriň hiç bolmanda ýarysynyň ýer ýüzünde Isadan başga şu wagt ýaşaýan ýa-da ýaşap geçen haýsy-da bolsa bir adamda ýerine ýetindigini subut edip bilseňiz, onda «Krisçian Wiktori Pablişing Kompani» amerikan neşirýaty (Denwer ş., Kolorado ştaty) size 1000 dollar sowgat etmäge taýyndyr. Piter Stounyň «Ylym gepleýär» diýen kitabynyň sözbaşysynda Amerikan Ylmy jemgyýetiniň kätibi H. Harold Harsler şeýle ýazýar: «“Ylym gepleýär” atly kitabyň golýazmasy Amerikan Ylmy jemgyýetiniň agzalaryndan duran komitet we şu jemgyýetiň Ýerine Ýetiriji komiteti tarapyndan ünsli öwrenildi. Iki komitetleriň hem agzalary şeýle netijä geldiler, ýagny bu kitap özünde saklaýan ylmy materiallar babatda umuman dogry we takyk. Ondaky matematiki derňew hiç hili garşylyk talap etmeýän ähtimallyk nazarýetiniň esaslaryna esaslanan; professor Stoner bu esaslary ýerlikli we ynandyryjy ýagdaýda ulanan». Biziň ýagdaýymyzda gabat geliş mümkinçiligini ähtimallyk nazarýetiniň aradan aýyrýandygyny görkezmek üçin, aşakdaky ähtimallyk mysallary bu kitapdan alnandyr. Stoner şeýle diýýär, ýagny ähtimallyk nazarýetiniň häzirki usullaryny sekiz pygamberlikler üçin ulanyp, «biz şeýle netijä geleris: haýsydyr bir adamyň biziň günlerimize çenli ýaşap, ähli sekiz pygamberlikleri amala aşyrmaklygynyň ähtimallygy 1/10^17-ä deňdir. Bu diýmeklik — 100 000 000 000 000 000-den bir mümkinçilikdir. Bu bahany göz öňümize getirip bilmegimize kömek etmek üçin Stoner şeýle mysal getirýär: «şeýle göz öňüne getireliň, ýagny biz 10^17-i kümüş dollarlary alyp, olary Tehasyň ähli ýerinde ýerleşdirýäris. Olar bütin ştaty 60 sm galyňlykda örterler. Indi bolsa biz şeýle dollarlaryň birine bellik edip, ony bütin Tehasdaky ýaňky ähli dollar bilen garyşdyrýarys. Onsoň biz haýsydyr bir adamyň gözüni daňyp, oňa şeýle diýýäris, ýagny ol islendik tarapa gidip biler we şol bellän dollarymyzy tapyp, onuň hut şol dollardygyny aýtmaly. Ol adamyň bellenilen dollary tapmagynyň ähtimallygy nähili? Üstünlik üçin onda näçe mümkinçilik bar? Şeýle, eger awtorlar bu sekiz pygamberlikleri özleriniň şahsy düşünjelerinden ugur alyp ýazan bolsadylar, onda bu pygamberlikleriň ýazylan gününden tä biziň günlerimize çenli bir adamda amala aşmagynyň ýaňky dollary gözleýän adamdakyça mümkinçiligi bolardy. Şeýlelikde: bu pygamberlikler ýa-da Hudaýyň ylhamydy, ýa-da pygamberler olary taryhyň gidişine bolan özleriniň hususy düşünjelerinden ugur alyp ýazypdyrlar. Şeýle bolanda, olaryň amala aşmaklyk ähtimallygy 10^17–den 1 bolardy. Ýöne olaryň bary Mesihde ýerine ýetdi. Şeýlelikde, bu sekiz pygamberlikleriň ählisiniň ýerine ýetendiginiň ýönekeý fakty — şeksiz bolmaklygy üçin, olaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandyklarynyň anyklygyna bary-ýogy 1/10^17 ýetmeýän subutnama bolup durýandyr». Ýene bir närazylyk Bu närazylyk Isanyň bilgeşleýin Köne Ähtiň pygamberliklerini amala aşyrmaga synanyşandygynda jemlenendir. Bu närazylyk ynandyryjy bolup görünýär, emma diňe birbada. Gürrüň şundadyr, ýagny Mesihiň gelmekliginiň pygamberliklerde ýazylyşy adamzadyň gözegçiligine hiç-de başardýan däldir. Mysal üçin, dogulmaly ýeri. Haçanda Hirodes baş ruhanylardan we kanunçylardan: «Mesih nirede dogulmaly» diýip soranynda, olar oňa şeýle jogap berdiler: «Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr» (Matta 2:4-5). Onuň gelmeli wagty. Doglus usuly. Ýahudanyň dönükligi we bu dönükligiň bahasy. Jezanyň görnüşi. Adamlaryň özlerini alyp baryşlary: masgaralamaklary, tüýkürmekleri, geň galmaklary. Onuň geýimleri üçin bije atmaklary; Onuň geýimlerini ýyrtmandyklary we şuňa meňzeşler. Käbir pygamberlikler Onuň olara täsir edip bileri ýaly däldiler. Ol Öz erki bilen «aýalyň tohumyndan», Şemiň we Ybraýymyň neslinden doglup bilmezdi. Şonuň üçin hem Isanyň Özüniň we resullaryň Onuň Mesihdiginiň subutnamasy hökmünde ulalanandyklary geň zat däl. Näme üçin Hudaýa şeýle çylşyrymlyklar gerek boldy? Meniň pikirimçe, Isa adamlara geleninde, Onda ähli subutnamalaryň bolmagyny Hudaýyň isländigi üçindir. Emma iň wajyp zat — bu Isa Mesihiň adamzat durmuşyny üýtgetmäge gelendigidir. Diňe Onda Köne Ähtiň Onuň gelmegi baradaky aýdylan pygamberlikleriň ýüzlerçesi ýerine ýetdi. Diňe Ol Özüni kabul edenler üçin täze durmuşy bermek wadasy bolan beýik pygamberlikleri amala aşyryp bilýändir: «Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn… Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr» (Hezekiýel 36:25-27; 2 Korintoslylar 5:17). 10-njy bar. Asla başga ýol ýokmuka? Ýaňy-ýakynda Tehas uniwersitetinde bir talyp maňa şeýle sorag berdi: — Näme üçin Isa — Hudaýa bolan ýeke-täk ýoldur? Ondan öň men Isanyň Özüniň Hudaýa bolan ýeke-täk ýoldugyny tassyklandygy, Ýazgylaryň we resullaryň şaýatlyklarynyň dogrudygy, Isanyň Halasgär we Hudaýdygyna bolan ynamymyzy esaslandyrmak üçin ýeterli subutnamalaryň bardygy hakynda gürrüň beripdim. Ine-de, şundan soň şeýle sorag: «Näme üçin Isa? Hudaýa başga ýol ýokmuka? Budda näme? Muhammet? Adamyň ýöne dogruçyl durmuş bilen ýaşamagy ýeterli dälmikä? Men hatda şeýle diýlenini hem eşitdim: — Bolýar, siz Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyny subut etdiňiz. Emma Hudaýa Isadan arkaly başga hiç-de ýol ýokmuka? Bu hereketleriň ikisi-de biziň döwürdeşlerimiz üçin häsiýetlidir. Hudaýa ýakyn bolup, günäleriň bagyşlanmagyny alary ýaly, adam näme üçin Isa edil Mesih hökmünde ynanmalymyşyn diýip men ýygy-ýygydan soraýaryn. Köpleri Hudaýyň tebigatyna düşünmeýärler diýip, men bu talyba jogap berdim. Adatça adamlar soragy şeýle goýýarlar: «Söýgüli Hudaý nädip adamyň dowzaha gitmegine ýol berip bilýär? Men bolsa başgaça sorag bererdim: «Nädip mukaddes, adalatly we dogry Hudaý günäli adamy Özüne ýakyn goýberip bilýär?» Hudaýyň tebitagyna we häsiýetine nädogry düşüniş, ençeme gezek çäksiz teologiki we ahlak kynçylyklarynyň esasy bolup durdy. Gürrüň şundadyr, ýagny Hudaý diňe bir söýgi Hudaýy däldir. Şeýle-de, Ol dogruçyk, adalatly we mukaddes Hudaýdyr. Aslynda, biz Hudaýy Onuň häsiýetleri arkaly bilýändiris. Emma häsiýetler Hudaýyň bir bölegi däldir. Bir wagtlar men şeýle oýlanardym, ýagny eger Hudaýyň mukaddeslik, söýgi, adalatlyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetleriniň ählisini jemleseň, onda emele gelen toplum Hudaý bolýar. Bu nädogry. Häsiýet — bu Hudaýyň bir bölegi däldir; bu — Hudaýa mahsus bolan bir zatdyr. Mysal üçin, haçanda biz: «Hudaý söýgüdir» diýenimizde, söýginiň Hudaýyň bölegidigini göz öňünde tutýan däldiris. Biz söýginiň Hudaýa mahsus bolan häsiýetdigini göz öňünde tutýandyrys. Haçanda Hudaý söýeninde, bu Onuň tebigy aýan bolmasydyr. Adamzadyň günä batmaklygynyň netijesinde dörän bir kynçylyk bardyr. Geçmişiň bakyýetinde Hudaý erkek bilen aýaly döretmegi çözüpdir. Hudaýyň Öz söýgüsini we şöhratyny adamlar bilen paýlaşmak maksady bilen Onuň erkek we aýaly döredendigine salgylanmalary men Mukaddes Kitapda tapýaryn. Emma haçanda Adam ata bilen How ene pitne turzup, öz ýollary bilen gidenlerinde, adamzat günäni tanady. Şol pursatdan başlap, adamlar günäli boldular, ýagny Hudaý bilen olaryň aralary aýryldy. Hudaý gaty kyn ýagdaýda boldy. Ol Özüniň şöhratyny paýlaşmak maksady bilen erkek bilen aýaly ýaradypdy, olar bolsa Onuň maslahatyna we buýrugyna gulak asman, günäniň ýoly saýladylar. Hudaý bolsa olary halas etmek üçin söýgi bilen olara ýüzlendi. Emma Onuň diňe bir söýgüli bolman, eýsem mukaddes, adalatly we dogruçyl Hudaý bolandygy üçin, Onuň tebigaty her bir günäkäriň ýok edilmegini talap edýändir. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýändir: «Günäniň muzdy ölümdir». Şonuň üçin, eger şeýle diýip bolýan bolsa, onda Hudaýyň öňünde kynçylyk peýda boldy. Ine-de, Mukaddes Üçlük —Hudaý Ata, Hudaý Ogul we Hudaý Mukaddes Ruh şeýle karar kabul edýär: Hudaýyň Ogly bolan Isa adamzat tenine girýär. Ol Hudaýadamy bolýar. Bu Ýahýanyň Hoş Habarynda beýan edilendir (1:14): «Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady». Filipililerdäki hatda (2:7) şeýle diýilýändir, ýagny Isa Mesih… «gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi». Isa Hudaýadamydy. Ol hiç haçan Hudaý bolmadyk ýaly adamdy we şol bir wagtyň özünde, hiç haçan hem adam bolmadyk Hudaýdy. Hususy öz erki boýunça, Ol bütinleý Ata boýun bolup, günäsiz durmuş bilen ýaşady. Mukaddes Kitabyň «günäniň muzdy ölüm» diýeni Oňa degişli däldi. Onuň diňe bir ölümli adam bolman, eýsem baky Hudaý bolanlygy üçin, Onda dünýäniň günälerini Öz üstüne almaga çäksiz mümkinçilik bardy. Haçanda Ol 2000 ýyla goýal mundan ozal haça çüýleneninde, Hudaýyň mukaddes, adalatly we dogry gahary Onuň Özüniň Ogluna inipdi. Isanyň «Hemmesi berjaý boldy!» diýeninde, Hudaýyň adalatlygy we dogrulygy doly kanagatlanylypdy. Başgaça aýdanymyzda, Isanyň ölümi Hudaýyň günäkäri ýok etmeklik wajyplygyny duýman, adamzada söýgi bilen gatnaşyk edip bilmeklik azatlygyny gaýtaryp berdi. Çünki Isanyň haçdaky ölümi arkaly Hudaýyň dogrulygy kanagatlanylypdy. Men köplenç adamlara şeýle sorag berýärin: «Isa kim üçin öldi?» Adatça: «Meniň üçin» ýa-da «Adamzat üçin» diýip jogap berýärler. Men bolsa olara: «Hawa, bularyň bary dogry, emma ýene kim üçin? diýip soraýaryn. Jogap şeýle bolýar: «Ýene kim üçin? Bilmeýärin?» Şonda men jogap berýärin: «Hudaý Ata üçin». Düşünýärsiňizmi, Mesih diňe bir biziň üçin däl, eýsem Ata üçin hem öldi. Bu hakda rimlilere ýazylan hatyň üçünji babynda ýazylandyr: «rehimdarlygyň gurbany», ýagny talaby kanagatlandyrmaklyk. Haçanda Isa haçda öleninde, ol diňe bir biziň üçin ölmedi; Ol Hudaýyň tebigatynyň mukaddes we adalatly talaplaryny kanagatlandyrmak üçin öldi. Isanyň ölmüniň Hudaýyň öňünde duran kynçylygy, ýagny adamzadyň günälidigine nädip seretmelidigini çözendigine düşenmäge kömek edip bilýän bir waka birnäçe mundan ozal Kaliforniýada bolup geçdi. Bolmalysyndan artyk tizlik bilen maşyny sürüp gelýän bir ýaş aýaly polisiýa saklaýar. Ol aýala garşy jenaýat işi gozgalypdy; sud döwründe kazy aýaldan öz günäňizi boýun alýarsyňyzmy diýip soraýar. Aýal günäsini boýun alýar. Kazy öz çekijini aşak urup, ol aýala 100 dollar jerime ýa-da 10 günlük türmede bolmagy belleýär. Onsoň birden garaşylmadyk bir waka bolup geçýär. Kazy kürsüsinden turup, eşigini çykaryp, höküm edilýäniň ýanyna aşak düşüp, jerimäni özi töleýär. Näme bolup geçdi? Kazy ol aýalyň kakasydy. Ol öz gyzyny söýýärdi, emma ol adalatly kazydy. Onuň gyzy kanuny bozdy we ol öz gyzyna: «Men seni şeýle bir söýýänligiň üçin bagyşlaýaryn. Sen azat» diýip bilmedi. Eger ol şeýle eden bolsady, onda ol erbet kazy bolardy. Ol kanunyň bozulmagyna gözüni ýumardy. Emma ol gyzyny şeýle güýçli söýýärdi welin, özüniň kazy geýimlerini çykaryp, öz ornuny taşlaýar we indi ata hökmünde ol gyzy üçin jerimäni töleýär. Bu mysal bize Isa Mesih arkaly Hudaýyň bize eden işini düşünmäge biraz kömek edýär. Biz günä etdik. Mukaddes Kitapda: «günäniň muzdy ölüm» diýlendir. Hudaýyň bizi nähili söýendigine seretmezden, ol özüniň kazy çekijini aşak urup, «Ölüm!» diýmelidi. Çünki Ol dogruçyl we adalatly Hudaýdyr. Ýöne Ol söýýän Hudaý bolandygy üçin bizi şeýle bir söýdi welin, hatda Isa Mesihiň keşbinde öz tagtyndan düşýär we biziň üçin haçda Isanyň ölümi bilen töledi. Şu ýerde köpleri şeýle diýip soraýarlar: «Näme üçin Hudaý ýöne bagyşlap bilmedi?» Ullakan bir guramanyň müdiri şeýle diýipdi: — Meniň işgärlerim köplenç bir zady nädogry edýärler: mysal üçin, bir zatlary döwýärler we men olary elmydam bagyşlaýaryn. Siziň pikiriňizçe, nähili bolýar: men bagyşlap bilýärin, Hudaý bolsa bagyşlap bilmeýärmi? Islendik bagyşlanmanyň baha bilen bile gelýändigine adamlar düşünerli ýagdaýda däldirler. Mysal üçin, meniň gyzym öýde çyrany döwdi. Söýýän we bagyşlamaga taýyn bolan ata hökmünde men gyzymy dyzymda oturdyp, ony köşeşdirýärin we şeýle diýýärin: — Aglama, gyzym. Kakaň seni söýýär we bagyşlaýar. Şu ýerde söhbetdeşim adatça şeýle diýýär: — Ine, Hudaý hem edil şeýle etmelidir ahyryn! Şonda men şeýle soraýaryn: — Çyra üçin kim töleýär?.. Töleýän men ahyry! Bagyşlanmanyň hemişe-de bahasy bardyr. Mysal üçin, kimdir biri sizi beýlekileriň öňünde masgaralaýar, soňra bolsa siz oňa mertebelik bilen: «Men sizi bagyşlaýaryn». Kim masgaralanma üçin töleýär? Siz. Hudaý hem hut şeýle hereket etdi. Ol şeýle diýdi: «Men sizi bagyşlaýaryn». Emma Onuň Özi bu bagyşlanma üçin töledi: onuň bahasy bolsa haça çüýlenmedi. 11-nji bap. Ol meniň durmuşymy özgertdi Isa Mesih diri. Meniň ýaşaýandygymyň we edýän işimi edýändigimiň özi, Isa Mesihiň ölülerden direlendiginiň subutnamasydyr. Foma Akwinskiý şeýle ýazypdyr: «Her bir ýürekde bagta we mana bolan ymtylma ýaşaýandyr». Men ýetginjek bolanymda, bagtly bolmagy arzuw edýärdim. Men dünýädäki iň bagtly adamlaryň arasynda bolmagy isleýärdim. Şeýle-de, men durmuşymyň manyly bolmagyny isleýärdim. Men: «Kim men? Näme üçin men dünýä indim? Durmuş ýoly meni nirä eltýär?» diýen soraglaryň jogabyny gözleýärdim. Ondan başga-da, men azat bolmagy isleýärdim. Men dünýädäki iň azat adamlaryň biri bolmak isleýärdim. Meniň üçin azatlyk — bu islän ýeriňe gidip, islän işiňi etmekligi aňlanýan däldir. Muny her kes hem edip bilýändir (köpleri hut şeýle-de edýärler). Azatlyk — bu «öz borjuň diýip hasap edeniňi ýerine ýetirip bilmeklik ukubydyr». Köpleri özleriniň näme etmelidiklerini bilýärler, emma ony etmäge olarda erk güýji ýokdur. Olar zynjyrlarda ýaşaýarlar. Şeýdip, men bu soraglaryň baryna jogap gözläp başladym. Şonda maňa şeýle görnüpdi, ýagny hemmeleriň ýa-da hemmeleriň diýen özleriniň nähilidir bir dinleri bar. Men iň sadaja ädimi ätdim: ybadathana gitdim. Emma maňa başga ybadathana duş gelen bolsa gerek. Ol ýerde men özümi köçedäkimden hem erbet duýdum. Umuman men iş ýüzündäki adam we haçanda maňa bir iş başartmanynda, men oňa nokat goýýaryn. Men dine-de nokat goýdum. Şonda men şeýle oýlandym: belki-de, iň esasy zat — bu jemgyýetde nähilidir bir orna eýe bolmakdyr? Ýolbaşçy bolmak, nähilidir bir iş üçin göreşmek, bu göreşe özüňi bütinleý bagyşlamak, «meşhur bolmak» — belki-de, durmuşyň manysy hut şundadyr? Meniň okan birinji uniwersitetimde talyplar guramasynyň ýolbaşçylary ýygnanylan pullara eýeçilik edýärdiler we uniwersitetiň durmuşynda uly rol oýnaýardylar. Men birinji synpyň ýolbaşçysy bolmaga öz islegimi öňe sürdüm we meni saýladylar. Bularyň bary gaty ýakymlydy: uniwersitetde hemmeler meni tanaýardylar, hemmeler meniň bilen salamlaşardy, men kararlar kabul edýärdim, uniwersitetiň we talyplaryň pullaryna ýolbaşçylyk edýärdim, men öz islegim boýunça dürli mugallymlary çagyrýardym. Umuman aýdanda, bary oňatdy, emma edil öňki meşgullanmalarym ýaly, bularyň hem bary ýuwaş-ýuwaşdan meniň gyzyklanmamdan gaçyp başlady. Birinji gün irden men kelleagyry bilen turardym, çünki agşam gaty giç ýatypdym we şeýle oýlanýardym: ine, ýene-de bäş günüň geçmegine garaşmaly. Men dişlerimi gyjadyp, haçan ýene bäşinji gün geler diýip garaşýardym. Meniň bar bagtym üç agşamda gutarardy: bäşinji gün, altynjy gün we dynç güni. Onsoň ýene-de günäli tegelek başlanardy. Hawa, elbetde, men özümi uniwersitetdäki hemmelerden ýokary tutup bilipdim: olar men barada bagtlylaryň bagtlysy diýip pikir ederdiler. Syýasy duşuşyklar döwründe bizde hatda şeýle şygar hem bardy: «Bagt = Joş». Talyplaryň pullaryna men üznüksiz agşamlar gurnardym we olar meniň «bagt» diýýänimiň beýlekileriň «bagtlaryndan» hiç-de üýtgeşik däldigine düşünmeýärdiler. Ol bütinleý ýagdaýlara baglydy. Eger bary oňatlyk bilen gidýän bolsa, men hem bagtlydym, emma işler erbet gideninde, meniň hem ýüregimde erbet bolardy. Men tolkunlaryň bir tarapdan beýleki tarapa çaýkaýan deňizdäki gämi ýalydym: ýagdaýlar meni eýläk-beýläk çaýkaýardy. Şeýle durmuşyň beýan etmäge has laýyk gelýän söz Mukaddes Kitapda bardy: dowzah. Emma men başga hili ýaşaýanlaryň hiç birini-de bilmeýärdim; men özümi başga hili ýaşamaga we durmuşymy özgertmäge öwreder ýaly hiç kimi-de bilmeýärdim. Hemmeler maňa özümiň näme etmelidigim hakynda aýdýardylar, emma ony etmäge güýç bolsa berip bilmeýärdi. Men hemişelik kanagatlanmasyzlygy duýup başladym. Amerikanyň uniwersitetlerinde öz durmuşlarynyň manysyny tapmadaky synanyşyklarynda menden has akýürek bolan adamlaryň gaty az sany tapylar diýip hasap edýärin. Men bu manyny tapyp bilmedik, emma ilki bilen bu barada özüme hasap bermeýärdim. Bir gezek men uniwesitetde durmuşlary biziň durmuşlarymyza meňzeş bolmadyk adamlaryň bir toparynyň bardygyna üns berdim, — bu toparda sekiz talyp we iki professor bardy. Olar edil özleriniň ynanýanlaryna näme üçin ynanýandyklaryny bilýän ýalydylar. Meniň olar bilen ýakynrak tanyşasym geldi. Özüm bilen olaryň ylalaşyp-ylalaşmajagynyň meniň üçin parhy ýokdy. Mende özümiň ynamlarymy paýlaşmaýan ýakyn dostlarym bar, emma men öz ynamy bolan adamy elmydam-da hormatlaýaryn. (Şeýle adamlar maňa kän duş gelmeýärdiler, emma her gezek men beýle adamlar bilen gürrüňleşenimde, hakyky geň galmany başymdan geçirerdim). Şonuň üçin hem men käwagtlar özümi mesihi doganlarymyň arasynda bolanyndan, «çepdäki» hereketjeň adamlaryň jemgyýetinde oňat duýýaryn. Käbir mesihiler — hiç hili-de däl, ne balyk, ne-de et. Men hatda olaryň käbirleriniň käwagtlar ýöne özlerini ynanýan edip görkezýändiklerinde hem güman edýärin. Ýöne bu uly bolmadyk toparda adamlar başga duýgulary döretdiler: olar edil näme edýändigini bilýän ýalydylar. Bu talyplar üçin diýseň adaty däl. Bu adamlar meni çynlakaý gyzyklandyryp başladylar: olar söýgi hakda ýöne geplemeýärdi. Olar kömek etmäge synanyşýardylar. Olar edil elmydama hem uniwersitet durmuşynyň ýagdaýlaryndan ýeňijiler bolup çykyp bilýän ýalydylar. Şol bir wagtda, edil beýlekileriň ählisi bu ýagdaýlaryň astynda galan ýalydy. Meniň gözüme bada-bat ilen ýene bir wajyp zat: olar edil bagtly ýalydy we olaryň bagtlary daşky ýagdaýa hiç-de bagly däl ýalydy. Olarda edil şatlygyň nähilidir bir hemişelik içki çeşmesi bar ýalydy. Olar ýigrenere çenli bagtlydy. Olarda mende bolmadyk zat bardy. Edil islendik talyp ýaly, men özümde bolman, başgalarda bar bolan zada eýe bolmagy gaty isleýärdim. (Hut şunuň üçin uniwersitetiň duralgalarynda tigirleri zynjyrlamaly bolýarka? Çünki eger bilim dogrudanam ähli kynçylyklary çözýän bolsa, onda uniwersitetler adamzat jemgyýetleriniň iň ahlaklysy bolmalydylar). Ine-de, men şu düşnüksiz adamlar bilen dostlaşmagyň kararyna geldim. Meniň karar kabul edenimden iki hepde geçeninden soň, biz otagymyzdaky stoluň başynda otyrdyk — alty talyplar we iki professorlar. Gürrüň birden Hudaý hakda gitdi. Haçanda siz özüňize ynamly bolmanyňyzda, töweregiňizde bolsa Hudaý hakda gürrüň edileninde, siz birden özüňiziň nähili akyllydygyňyzy, bu zatlaryň baryndan bireýýäm baş alyp çykandygyňyzy görkezmek isleýänsiňiz. Islendik uniwersitetde hem şeýle diýýän orator elmydama tapylýandyr: — Diýersiň! Mesihilik — ha-ha-ha! Bu gowşaklar üçin, düşünjeli bolan biz üçin — bu hiç ýeredir! (Düzgün bolşy ýaly, onuň näçe batly gyryrdygyça, şonça-da kellesinde boşlukdyr). Bu gürrüň maňa biraz gaty degdi we men olaryň toparynda oturan bir owadanja talyp gyza seretdim (öňler men ähli ynanýanlar betnyşan adamlar diýip hasaplardym), onsoň bolsa bularyň bary özüm üçin şeýle bir gyzykly ýaly eden bolup, kürsümde arkaýyn oturyp soradym: — Diňleseňizläň, siziň durmuşyňyza näme beýle täsir etdi? Näme üçin siziň durmuşyňyz beýleki talyplaryňky, hereketjeňleriňki we mugallymlaryňky ýaly däl? Bu talyp gyz dogrudanam özüniň nämä ynanýandygyny bilýän ýalydy. Ol hiç bir ýylgyrmasyz meniň gözlerime göni bakdy we durmuşyň manysy baradaky soragyma uniwersitetde asla eşiderin diýip oýlamadyk iki sözi aýtdy: — Isa Mesih. Men oňa jogap berdim: — Goýsaňyzlaň, diňe her hili samsyklyk hakda gürrüň edäýmäň. Men dinden bizar, men ybadathanadan bizar, Mukaddes Kitap meniň ýüregime düşdi. Şonuň üçin din hakyndaky zatlaryň bary — bu samsyklykdyr. Ol gyz maňa diýdi: — Diňleseňizläň, men size «din» diýdimmi? Men size: «Isa Mesih» diýdim! Ol maňa şu wagta çenli eşitmedik zadymy aýtdy. Mesihilik — bu ýöne dinleriň biri däl. Din — bu adamlaryň özleriniň oňat işleri bilen Hudaýa tarap ýol açmagyna bolan synanyşygydyr. Mesihilik bolsa — bu Isa Mesihiň üsti bilen Hudaýyň adamlara gelip, olara Özüne bolan ýoly aýan etmegidir. Hemme ýerlerden-de uniwersitetlerde mesihilige bolan ýalan düşünjeler has kän ýaýran bolsa gerek. Ýaňy-ýakynda men bir mugallym bilen tanyşdym. Ol özüniň leksiýa döwründe talyplara şeýle diýdi: — Ybadathana giren her bir adam mesihi bolýandyr. Men oňa garşy çykdym: — Onda näme, siz garaža gireniňizde, maşyn bolýarsyňyzmy? Bu ýerde hiç hili baglanyşyk ýokdur! Mesihi — bu Isa Mesihe ynanýan adamdyr. Meniň täze dostlarym şu tassyklamalary tankytlaýyjy usul bilen derňemegi teklip etdiler: Isa Mesih — Hudaýyň Ogly; adam tenine geçip, Ol adaty adamlaryň arasynda ýaşady we adamzadyň günäsi üçin haçda öldi; Ol jaýlanypdy we üçülenji güni ölülerden direlipdi; ýigriminji asyrda hem ol adamyň durmuşyny özgerdip bilýär. Men bularyň bary — biderek degişme diýip oýladym. Çynymy aýtsam, şol wagtlar men şeýle pikir edýärdim, ýagny mesihileriň köpüsi — ýöne samsyklar. Olaryň käbirlerine men öňler hem duş gelipdim. Sapak döwründe men olaryň ýerlerinden turup, gepläp başlamaklaryna garaşardym we olary küle öwrüp taşlamak pursatyna garaşýardym. Men şeýle hasaplaýardym, ýagny eger mesihiniň kellesinde beýniniň çal zadynyň ýekeje molekulasy bar hem bolsa, onda oňa ýekelik zerarly ölüm garaşýar. Netijede bolsa özümiň hiç zada hem düşünmändigimi bildim. Bu adamlar meni öz günüme goýmadylar we ahyrynda men «çakylygy kabul etdim». Dogrusyny aýtsam, men muny olary ýalana çykarmak niýetim bilen tekepbirligim sebäpli kabul etdim. Men özümiň faktlar bilen iş salyşmaly boljakdygymy bilmeýärdim ahyryn! Men özümiň subutnamalar bilen tanşyp, olaryň hakykylygyna baha bermelidigim hakynda hem bilmeýärdim. Ahyrynda men Isa Mesihiň Özüni yglan edişi kimin hem bolandygy baradaky netijä geldim. Ilkinji iki kitaby meniň mesihiligi ýalana çykarmak niýetim bilen okandygymy ýatdan çykarmaly däl! Ahyrynda munuň maňa başartmanynda bolsa, özüm mesihilige geldim. Ine-de, bireýýäm ýigrimi ýyldan hem gowrak men öz ynamymy dokumental şaýatnamalar arkaly tassyklamak bilen meşgullanýaryn: Mesihe bolan ynam esaslandyrylan düşünjeli esasa eýedir. Ýöne şol wagt men bütinleý aljyraňňylykdadym. Meniň aklym garşy çykara indi hiç zat hem ýok diýýärdi, emma erkim bolsa meni henizem yza çekýärdi. Men mesihilige bolan ýoluň täze ynanan adamyň şahsyýeti üçin agyr synaglar bilen baglydygyny aýan etdim. Isa Mesih meniň düşünjeli erkime göni çakylyk edýärdi, Ol meni Özüne ynanmaklyga çagyrýardy! Bu çakylyk şeýleräk eşidilýärdi: «Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin» (Ylham 3:20). Onuň suwda ýöräp bilendiginiň ýa-da bilmändiginiň, suwy şeraba öwrüp bilen-bilmändiginiň parhy ýokdy. Jadygöýler meniň üçin gerek däldi. Emma bir zat maňa rahatlyk bermeýärdi. Umuman, aklym maňa mesihilikde hakykatyň bardygyny aýdýardy, emma ýüregim bolsa aljyraňňylykdady. Her gezek men özümiň ruhlanan göwnühoş mesihi dostlarymy görenimde, gapma-garşylykly ýagdaý döreýärdi. Eger siz haçan-da bolsa bir wagt siz özüňizi erbet duýýarkaňyz, şol pursat bagtly adamlaryň arasynda bolup gören bolsaňyz, onda şeýle ýagdaýlarda kesekiniň bagtynyň nähili ýigrenji döredýändigini bilýänsiňiz. Olar şeýle bir bagtlydylar, men bolsa şeýle bir betbagtdym welin, hatda käwagtlar men ýerimden böküp, otagdan çykyp giderdim. Şeýle ýagdaýa çenli bardy welin, men agşam sagat dokuzdan ýatyp, gije sagat dörde çenli-de uklap bilmeýärdim. Däli bolmazlygym üçin, özümiň bir zatlary çaltlyk bilen çözmelidigim anykdy. Men hemişe täze pikirleri kabul etmäge açykdym, emma olar üçin däli bolmagy islemeýärdim. Emma hut täze pikirlere özümiň açyk bolandygym sebäpli, uniwersitetiň ikinji kursunda 1959-njy ýylyň 19-njy bitaraplyk aýynyň agşam sagat 8:30-da men mesihi boldum. Bir gezek menden şeýle soradylar: — Näme üçin siz munda şeýle ynamlysyňyz? — Çünki men bu ýagdaýa özüm gatnaşypdym, — diýip, men jogap berdim. — Meniň bütin durmuşym şol pursatdan başlandy. Şol agşam men dileg etdim. Men ölülerden direlen, diri bolan Mesihe, şondan bäri durmuşymy özgerdin Mesihe bolan ýoly tapmak dileginiň sözlerini aýtdym. Ilki bilen men şeýle diýdim: — Reb Isa, meniň üçin haçda öleniňe men minnetdarlyk bildirýärin. Onsoň şeýle diýdim: — Men Saňa ýakymsyz bolan zatlary boýun alýaryn, meni bagyşlap, ýüregimi arassalamagyňy Sende haýyş edýärin. (Mukaddes Kitapda şeýle diýilýändir: «Günäleriňiz gyrmyzy kimin bolsa-da, gar kimin arassalaryn). Onsoň men şeýle diýdim: — Şu pursat men öz başarnygymdan öz ýüregimi we durmuşymy Seniň üçin açýaryn we men Saňa öz Hojaýynym we Halasgärim hökmünde ynanýaryn. Men Saňa öz durmuşymy berýärin. Özümi Seniň esasyňa çenli özgertmegiňi isleýärin. Men Öz ýaradanyňdaky ýaly et. Soňky dilegim bolsa şeýle boldy: — Ynam arkaly meniň durmuşyma gireniň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin! Çünki meniň ynamym köre-körlügiň esasynda däl-de, şaýatlyklaryň, taryhy faktlaryň we Hudaýyň Sözüniň esasynda peýda bolupdy. Belki-de, siz dindar adamlardan olaryň «ýyldyrymyň urgusy» ýaly bir zatlary başlaryndan geçirendikleri hakynda eşidensiňiz. Men dileg edip gutaranymdan soň, beýle zatlaryň hiç biri-de bolmady. Hiç zat. Ondan-da artygyny aýdaryn: şu karary kabul edenimden soň, maňa öňküsinden-de agyr boldy. Men özümi fiziki taýdan erbet duýdum: hatda ýüregim hem bulandy. Men gaty erbet ýagdaýda boldum. Onsoň şeýle oýlandym: «Sen näme etdiň? Indi seni nirä äkider?» Kellämi aşak basyp, özümi çuňluga oklan ýalydym. (Meniň ynanandygym hakynda köp ýoldaşlarymyň hut şeýle pikir edendigine şübhelenmeýärin). Size diňe bir zady aýdyp bilerin: ýarym ýyl geçdi, ondan soň ýene bir ýyl we men hiç hili çuňlugyň ýoklugyny göz ýetirdim. Durmuşym bolsa hakykatdan hem özgerdi. Bir gezek men bir amerikan uniwersitetinde taryh bölüminiň müdiri bilen jedel edipdim. Men oňa özümiň durmuşymyň özgerendigi hakynda aýtdym, ol bolsa meniň sözümi bölup diýdi: — Makdauell, Ýigriminji ýylda Hudaý siziň durmuşyňyzy özgertdi diýip, siz bizi ynandyrmaga synanyşýan dälsiňiz ahyryn? Gaty gyzykly, siz muny nädip etjeksiňiz? Kyrk bäş minut geçdi we ol şeýle diýdi: — Bolýar, bolýar. Ýeterli. Aýratynam, men oňa özümiň birahatlygym hakynda gürrüň berdim. Öňler men özüm üçin elmydam nähilidir bir pişe tapmalydym: men kä öz gyzymyň ýanyna ylgardym, kä oglanlar bilen oturyp, ukusyz gijeleri geçirerdim. Käwagtlar bolsa, uniwersitetiň howlusynda entärdim, pikirlerimde bolsa hakyky girdap bardy. Men ýöne aýak üstünde ýörän gapma-garşylyklaryň bir topbagydym. Men bir zatlar bilen meşgullanmaga ýa-da ýöne oýlanmaga synanyşardym, emma ünsümi jemläp bilmeýärdim. Ine-de, karar kabul edip, mesihi bolanymdan birnäçe aýdan soň men içki rahatlyga eýe boldum. Maňa dogry düşüniň: bu diýildigi — meniň durmuşymda gapma-garşylykly ýagdaýlaryň galmandygyny aňladýan däldir. Özümiň Isa bolan ynamymda men gapma-garşylyklaryň bolmazlygyna däl-de, olar bilen göreşmek üçin içki ukyplylyga eýe boldum. Muny men dünýädäki hiç bir baýlyga-da çalyşjak däldirin. Onsoňam, mende gaty agyr gylyk bardy. Meniň ýarylmagym üçin ýekeje gyşyk garaýyş ýeterli boljakdy. Bir oturlyşykdan mende ömürlik şikesler galypdy: men bir gezekki tutluşykda tas adam öldüripdim. Şonda men birinji synpda okaýardym. Galyberse-de, ýaman gylyk meniň şahsyýetim bilen şeýle bir berk baglanandy welin, hatda men bir zatlary üýtgetmegi hem islemerdim. Ine-de, men bir gezek şeýle bir çykgynsyz ýagdaýa düşdüm welin, birden özümiň gyzmalygymyň bir ýere uçup gidendigini düşündim! On dört ýylyň içinde men bary-ýogy diňe bir gezek özüme erk edip bilmedim. Bu ýagdaý bireýýäm alty ýyl mundan ozal bolup geçipdi! Onsoňam maňa hormat getirmeýän ýene bir zat bardy. Bu hakda gürrüň etmegimiň sebäbi — köp adamlar şu ýetmezçilik bilen ejir çekýärler. Men nädip ondan azat bolmagyň usulyny tapdym: bu ölülerden direlen, diri bolan Mesihe bolan ynamdyr. Men ýigrenç hakynda gürrüň edýärin. Men ýaşlygymda ençeme zatlary ýigrenýärdim. Elbetde, men bu ýigrenji görkezmejek bolup synanyşýardym, emma içimde ony hemişe duýýardym. Men adamlary, zatlary, kynçylyklary ýigrenýärdim. Köpler ýaly men hem özüme hiç-de ynamly däldim. Men özümden tapawutlanýan her bir adamda men özüm üçin howpy görýärdim. Emma dünýäde hemmelerden hem erbet ýigrenýän bir adamym bardy. Bu meniň kakamdy. Men ony öler ýaly ýigrenýärdim. Ol meniň üçin bary-ýogy şäheriň arakhorlarynyň biridi. Eger siz kiçijik şäherde doglan bolsaňyz we maşgalaňyzda arakhor bar bolsa, onda munuň nämedigini özüňiz bilýänsiňiz. Bu hakda bütin şäher bilýär. Mekdepde dostlarym meniň kakamyň bireýýäm bir ýerlerde «gezýändigi» hakynda degişmeler aýdardylar. Munuň maňa gaty degýändigine olar düşünmeýärdiler. Men olar bilen bile gülüşýärdim, emma ýüregimde men gaty ejir çekýärdim. Käwagtlar men agyla girerdim we dersleriň üstünde urlup ýenjilen ejemi görerdim. Eger biz myhmanlara garaşýan bolsak, onda men kakamy öýden süýräp çykaryp, ony daňardym we agyla taşlardym. Onuň maşynyny bolsa daşyraga äkiderdim. Dostlarymyza bolsa kakamyň işiniň çykandygyny aýdardyk. Meniň pikirimçe, özümiň kakamy ýigrenişim ýaly, dünýäde hiç kim hem adamy şeýle gaty ýigrenip bilmezdi. Isa ynananymdan soň, baş aý töweregi wagt geçipdi — meniň durmuşym Hudaýyň maňa Isa Mesih arkaly sowgat eden söýgüsinden doldy. Bu söýgi ýigrenç üçin ýer goýmady. Birden men kakamyň gözlerine göni seredip, şeýle diýip bildim: — Kaka, men seni söýýärin! Öňki ähli edenlerimden soň, bu hereketim ony gaty geň galdyrdy… Haçanda men şahsy uniwersitete geçenimden soň, ýol betbagtçylygyna duçar boldum. Men bar ýerim dagylgy ýagdaýda öýe geldim. Şonda kakamyň öz ýanyma nädip gelendigini ömür ýadymdan çykarmaryn. Ol şeýle sorady: — Oglum, sen şeýle kakany söýüp bilermikäň? Men oňa jogap berdim: — Kaka, ýarym ýyl mundan ozal men seni ýigrenýärdim… Onsoň men oňa özümiň nädip Isany tapandygym hakynda gürrüň berdim: — Men ýöne öz ýüregimi Isa üçin açdym. Entek men muny sözlerim bilen düşündirip bilmeýärin, emma netijede men diňe bir seni däl, eýsem ähli adamlary hem öz boluşlary ýaly söýüp bilmek ukybyna eýe boldum. Kyrk bäş minutdan soň, men öz durmuşymdaky iň uly geň galmany başymdan geçirdim. Meni özüniň bäş barmagy ýaly bilýän ýakynym maňa şeýle diýdi: — Oglum, eger Hudaý gözümiň alnynda seniň durmuşyňy özgerdişi ýaly, meniňkini hem özgerdip bilýän bolsa, onda men muňa synanyşmak islärdim… Kakam dileg etdi we Isa ynandy… Adatça adam birnäçe günüň, aýlaryň, käwagtlar bolsa, ýylyň içinde özgerýändir. Meniň durmuşym bir ýarym ýylyň içinde özgerdi. Kakam bolsa göni meniň gözlerimiň alnynda özgerdi. Edil kimdir biri elini uzadyp, togy öçürip ýakyjyny barmagy bilen herekete getiren ýalydy. Hiç haçan, şondan öňem, soňam men şeýle çalt özgermäni görmedim. Şondan soň kakam eline şerap çüýşesini diňe bir gezek eline aldy. Ol ony dodaklaryna ýetirdi-de, yzyna goýdy. Mundan men bolup biljek ýeke-täk netijäni çykardym: Isa Mesihe bolan ynam dogrudanam adamy düýpgöter özgerdýär. Mesihiligiň üstünden gülüp bolýandyr, ol hakda degişmeler hem aýtmak bolýandyr. Emma ol güýje eýedir. Mesih adamzat durmuşyny özgerdýär. Ýöne mesihiligi adama güýç bilen bagly edip bolýan däldir. Siziň öz durmuşyňyz, meniň bolsa öz durmuşym bardyr. Men diňe özümi bilýänler bilen paýlaşyp bilýändirin. Soňra bolsa — karar kabul etmek siziň işiňizdir. Belki-de, meniň dilegim size-de kömek eder? Ine ol: «Reb Isa! Men Saňa mätäçdirin, çünki men günälidirin. Meniň üçin haçda ölendigine gaty minnetdardyryn. Maňa halas ediji ynamy ber. Meni bagyşlap, ýüregimi arassala. Men Seni özümiň Halasgärim we Rebbim hökmünde kabul edýärin. Meni ýaradylyşda Öz isleýşiň ýaly etmegiňi Senden haýyş edýärin, eý, beýik Hudaý: Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Omyn». Bellikler 1. Pop — prawoslaw dininiň ruhanysy. 2. Rus dilinde her bir sözüň üç jynsda (ýagny mužskoý rod, ženskiý rod we sredniý rod) bolşy ýaly, grek dilinde hem edil şeýle. Şeýlelikde, «bir» sözi mužskoý däl-de, sredniý rodda. — Terjimeçiniň belligi.