Doris Wan Stoun Erwin Lutzer DORI, HIÇ KIMIŇ HALAMADYK GYZJAGAZY Meniň «eje» diýen ada eýe bolmagyma minnetdar bolmaly adamlarym Berni we Darline. Sözbaşy Hiç kimiň halamadyk gyzjagazynyñ nädip Hudaýyñ saýlan adamyna we onuň Hudaýa gulluk edýän aýala öwrülendigi baradaky tolgundyryjy hakyky başdan geçirmäni gözlerime ýaş aýlaman okap bilmedim. Çagalygyndan rehimsiz garaýyşlara, ýüz öwürmelere sezewar edilen Dori, pikir edilende, ulularyň ählisinden göwni galan, gylyksyz adam bolup yetişmelidi. Emma muňa derek Mesih — onuň Halasgäri — oňa kömek etdi we ony durmuşa höwesjeň adama öwürdi. Aýylganç ýekelikde-de, Doriniň özüne degişli bolan ýeke-täk zadyň — kiçijik Täze Ähtiň täsin goldaýşyna men çuňňur geň galdym. Ol öz belliklerini edýärdi, ýatdan öwrenýärdi we Onuň berýän sözlerine ynanýardy. Ol onuň yeke-täk dostudy. Ol özüniň wepalydygyny subut etdi. Bu hekaýat adamyň nädip özüniň biderekligi baradaky duýgularyndan dynyp biljekdigini hem-de Hudayyň söýgüsini diňe bir duýup däl, eýsem Oňa gulluk etmäge gatnaşyp biljekdigini subut edýär. Bu Hudaýyň çaga barada edýän aladasy, Onuň çaga duýgularyna düşünişi, ony galkyndyryşy, täsin bir görnüş bilen ony ruhy zaýalanmadan halas edýändigi baradaky hakykatdy. Ýöne meniň üçin Doriniň durmuşynyň iň ajaýyp bölegi bolup, onuň şu günki güni durýar. Çünki ol öz çagalyk aladalaryna salgylanyp, çagalara ýüzlenýär we olara özüne edilen ynamyny Isa getirýär. Ewelin Kristenson Birinji bap Eje, haýyş, öýe gelsene! Men ýuwaşjadan aýnanyň ýanyna bardym-da, garaňkylykda ötüp-geçýän maşynlaryň çyralaryny gözlerim bilen ugratdym durdum. Soň geçip, goňur oturgyçda oturyp, ellerimi dyzymyň aşagyna sokup, olary ýylatmaga çalyşdym. Sagatlar geçip durdy. Ahyry men ejemiň burçdan öwrülip, köçejik bilen ýakynlaşyp gelýän gara suduryny saýgardym. Ol biziň ikinji gatda ýerleşýän öýümize çykýança, men garaňky otagy sermenip, ony garşylamaga ÿöneldim. Ol meni görenine şatlanar diýip umyt edýärdim. Emma ol adaty bolşy ýaly, meniň deňimden geçip, jigim Mariýany (şu at üýtgedilip alyndy) gujaklady. — Mähribanym, ýagdaýlaryň niçik? — diýip seslendi. Men özümiň könelişen haladymyň jübülerine ellerimi sokup, onuň haçan ezizlärine garaşýardym. Emma ol meni yza itekledi. — Näme gerek? — diýip, ol gaharly sorady. — Sen meni gujaklamazmyň? — diýip, men ýaýdanmaç soradym. — Git, şu ýerden — diýip, ol gödek jogap berdi. Men bary-ýogy alty ýaşymdadym. Emma şol öýdäki bolup geçýän wakalar meniň aňymda ömürlik galypdy. Mende çagalygymdan röwşen ýatlamalar galmandy. Öçügsi-goňur diwarlardaky garamtyl agaç bezegler. Goňur sürtelip giden stol, oturgyç, kiçeňräk haly — ine myhman otagynyň bar bezegi. Şkafyň yzyndan görünýän, Mariýa ikimiziň bile ýatýan krowatymyzy hasaba almasaň, beýleki otag hem boşdy. Ejem her gün ir ertir gideninden giç agşam dolanyp gelerdi. Meniň gözlerimiň öňünde ol häzirem duran ýaly: şar gara saçlary süýnmek ýüzüni töwerekläp dur. Ol maňa: «Dori, jigiňe oňatja seret hem-de çyrany ýakyjy bolma!» diýip gygyranda, onuň goňurymtyl gözleri ýitelýärdi. Mariýa menden bir ýaş kiçidigi üçin ejem hemişe bir zady maňa nygtaýardy: eger Mariýa bir zat bolsa, günäkär men bolaryn. Hemme jogapkärçilik meniň boýnumady. Biz Mariýa ikimiz uzakly gün öýde ýeke oturardyk. Biz dynç alyş günleriniň basymrak gelip, ejemiň bir zatlar bişirerine sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Şeýle günleri ol öňkülerden köpräk ýatardy we biz ümsümlikde ertirlik edinerdik. Ýöne köplenç bu ýekeje nahar alty ýaşly çagajygyň taýýarlap biläýjek tagamy — arahis ýagy we mürepbe çalynan çörekden ybaratdy. Men bufetden bankany alyp bilerdim. Iki dyzymyň arasyna ony salyp, men ösümlik ýagyny we arahis ýagyny pyçak bilen garardym. «Ösümlik ýagyny dökäýme» diýip, ejem duýdurardy. Birden şeýle bolaýsa, men tizden süpürilýän kagyz bilen ony arassalardym. Men çöregiň deşijeklerini dolduryşdyryp ýag çalardym. Mürepbe tapylmadygynda biz kynlyk bilen çöregi ýuwudardyk. Käwagtlar süýdem bolýardy, ýöne köplenç biz suw içerdik. Demir gaplarymyz ýokdy, diňe aýna kürüşgeler bardy. Olaryň birini döwenim üçin kötek iýip, men tertipliräk boldum. Men oturgyjy gap ýuwulýanyň ýanynda goýup, kürüşgäni içinde goýup, soň suw açardym. Kürüşgäni iki elim bilen tutup, Mariýa berenimden soň, oturgyçdan düşerdim. Açlygymyzdan ýaňa biziň içimiz jugurdaýardy. Bir gezek men satyjy bir zatlar berer diýen umyt bilen dükana bardym. Ol «ýok» diýende, men ertir ejem tölär diýip söz berdim. Ol hiç zat bermedi. Men diňe pully adamlaryň zat alyp bilýändigine göz ýetirdim. Men elim boş we aç ýagdaýda öýe dolanyp geldim. Her gün gije ejeme garaşyp ýatan wagtymda, men özümi ýeke we jogapkärçilikli duýardym. Men özüme ýa-da jigime bir zatlar bolar diýip gorkýardym. Meniň çaga pikirlerime öýüň içiniň garaňkylygy hasam möwç berýärdi. Eger ejem gelmän galaýsa? Bir gije biz köp gatly jaýyň birinji gatynyň gapysynyň berk urlup ýapylanyny eşitdik. Men elime aşhana pyçagyny alyp çykanymda, aşakda iki sany içgili adamy gördüm. Elimdäki pyçagymy tä barmaklarym agyrýança gysyp, sesimi haýbatly çykarmaga synanşyp: «Gümüňizi çekiň! Elimde pyçak bar» diýip gygyrdym. Mariýa meniň arkamda bukulyp durdy. Adamlar gülüşdiler, tiz gitdiler. Haçanda men bu gorkunç wakany ejeme aýdyp berenimde, ol egnini gysdy. «Ýeri näme? Olar girmändirler ahyry?» Soňam ol göwnüni tolgundyrýan ýekeje sowaly berdi: «Çyra ýanýarmydy?» Ine, men näme üçin oturgyjy aýnanyň öňünde goýýaryn. Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäheriniň 34-nji köçesinden geçýän maşynlaryň çyralary öýüň sowuk garaňkylygyndan has ýakymlydy. Men ejemsiz ýatmaga gorkýardym. Käwagt geň seslerden gorkup, Mariýa çirkin gygyrardy. Men onuň egninden ýuwaşja gujaklap, ony köşeşdirmäge çalyşardym. Hakykatda welin özüm has gorkýardym. Gijeler garaňkylykda oturşyma, eger-de Mariýa keselläýse ýa-da oňa bir zat bolaýsa, ejem meni näderkä diýip oýlanýardym. Haçanda giç agşam öýe dolananda ejem meniň bilen gürleşmezdi, hemişe diwanda uklap galýan Mariýanyň ýanyna barardy. Ejem hemişe: «Mariýa owadanja gyz, seniň ýaly däl» diýip aýdardy. Ol Mariýany ýerine geçirip ogşardy. Men yzlarynda ýörärdim. Meniň gije geýip ýatýan geýmim bolmansoň, çalşyrynman, menem jigimiň ýorganyna girerdim. Ejem meni hiç haçan gujaklamazdy we dyzynda oturmagyma rugsat bermezdi. Käwagtlar ejem sowgat getirerdi, ýöne maňa däl-de, Mariýa üçindi. Golaý-goltumda ýaşaýan dostlarymyz bize eşik bererdiler. Berilýän köýnekler ýa-ha uly bolardy, ýa-da kiçi, balaklaryň dyzlary sürtülen, aýakgaplar bolsa gysýardy. Ähli täze zatlar Mariýanyňkydy. Eger ejem öýde bolsa, men gorkymy bildirmezdim. Men diwanyň aňyrsyna ötüp, görünmän aglardym. Käwagtlar meniň içim agyranda bolsa, men bükülip ýerde oturardym. Eger ejem meniň aglanymy göräýse, şapbadymy ýetirerdi. Bir gezek men giç agşam oýananymda, gapdalymda Mariýany tapmadym. Men eýýam öýe aýlanan ejemi çagyrdym, ýöne ol maňa jogap bermedi. Aýylganç pikirler bilen men gorkunç garaňky otagy sermenmäge başladym. Soň meni taşlapdyrlar diýen pikirler bilen burça geçip aglamaga başladym. Bir sagat geçdi. Birden men basgançakda aýak seslerini eşitdim, soň gapyda Mariýany göterip gelen ejemi gördüm. Ol maňa nirä gidendiginem aýtman, hiç zat duýdurman gidipdir. Bir gezek ejem Mariýa ikimizi jorasynyňka myhmançylyga äkitdi. Mariýa ejemiň öňünde otyrdy, ol aýal bolsa onuň owadanja ýüzüne guwanyp seredýärdi. Maňa seredip bolsa ol çekinmezden: «A bu bolsa gorkunç» diýdi. Meniň nämäm barka? Näme üçin men beýle gorkunçkam? Eýsem meni hiç kim söýüp bilmezmi? Göwnüme degilensoň men oturgyçdan düşüp, burça geçip oturdym. Meni gaýgy gurşap alypdy. Meniň bilen hiç kim gürleşmeýärdi. Meniň hem gürleşesim gelenokdy. Hatda meniň dogulandygyma bu aýalam gynanýan ýalydy. Belki men özümi ejem oňat görer ýaly edip bilerin diýip, men oýlanýardym. Emma men ony gujaklajak bolanymda, ol meni iteklärdi. Eger-de men baryp onuň öňünde oturmakçy bolsam, ol edil mylaýymja, ýöne bizar petegiňi çykarýan güjügi ýaly siltärdi. «Gaýdyp beýle etmegin — diýip ol hüňürdärdi. Soňam üstüni ýerine ýetirip: — Özüňem maňa eje diýme-de, adymy tutup, Laura diý!» — diýdi. Alty ýaşymda men eýýäm özümiň ýekirlenýandigime düşünýärdim. Betbagt, asgynjak, päsgelçilik - bu sözleriň manysyny bilmesemem agyrlygyny duýýardym. Men owadan däl, ine, meniň günäm. Wah, men eger muny düzedip bilýän bolsadym. Birmeňzeş, hiç hili umyt uçgunsyz günler yzly-yzyna geçip durdy. Mariýa we men örän seýrek gülýärdik. Biz, esasanam, oturyp durmuşyň nämesiniň bap gelmeýändigini aýdyşardyk. Öýümizden birnäçe ýüz metrlikdäki boş meýdanda jigim ikimiz gidip oýnardyk. Hiç hili oýnawajymyz bolmansoň, biz aňymyzyň ýetdigiçe daşlary, taýaklary oýnardyk. Biz ol ýerde az wagtlygam bolsa gaýgymyzy unudardyk. Biz beýleki çagalaryň şatlanyşyny, bagtlydyklaryny, hiç hili gaýgy-gamsyzdyklaryny görýärdik, ýöne özümiz durmuşa şatlanyp bilemizokdyk. Hatda oýun wagtam biziň bu agyrymyzy aýryp bilenokdy. Biziň öýümizde nämedir bir zat bolmalysy ýaly däldi. Bize gülüşmäge we dostlugymyzy bildirmäge adam ýokdy. Kakamyz iki-üç gezek gelip gidipdi. Onuň özümiň däl-de, «Mariýa örän oňatja!» diýendigi ýadymda. Ol kakamyň hem lälejegidi. Şol günleriň ýakymsyz ýatlamalarynyň içinde ýeke-täk ýagtysy, hakydamda galany — köçäniň burçunda ýerleşýän dermanhanady. «Salam, Klara Bou — diýip, maňa lakam goýan dermanhanaçy dillenerdi. — Limon suwuny içjekmi?» (Klara Bou — amerikan aktrisasy — neşirýat belligi). Meniň pulumyň ýoklugy üçin «ýok» diýesim gelýärdi. Ýone ol mylaýym ýylgyryp, meni aýlanýan oturgyçda oturdardy we limon suwy bilen hezzetlärdi. Haýyş edýän, meniň bu şylha-şylhalygyma üns bermeseňizläň, görýäňizä men gygyrýaryn we gorkýaryn! Onuň özi bilmezden, maňa adamsöýüjiligiň ilkinji sapaklaryny beripdi. Ýöne basym bu dermanhana barmalarym kesildi. Ejemiz durmuşymyzy düýpgöter özgertjek karara gelipdi. Biziň şol öýdäki bilelikdäki ýaşaýşymyz gutardy. Ikinji bap Çagalar öýi Jorasy bilen ejem Mariýany we meni tramwaýa mündürýärdi: «Çagalar, kakaňyz bilen men siz barada aladalanyp bilemizok. Şonuň üçinem siz özüňize örän ýaraýjak öýe gidersiňiz» — diýdi. Ilki maşynly, soňam pyýada ýöredik. Ejem ellerimizden tutup barýardy. Köne eşiklerimizi men kagyz gapda göterip barýardym. Bizde oýnawaç ýokdy. Gidip barýarkak men güne lowurdaýan üçekli uly ymaraty gördüm. «P» harpy şekilli, ikigat bu jaý maňa diýseň uly göründi. Howluda geran gülleri bilen töwereklenen palma agajy ösüp otyrdy. Howlynyň daşynda oglanjyklar oýnaýardylar. Men bu mekdepdir — diýip pikir etdim. Ejem aglaman, zat etmän: «Sag boluň! Görüşýänçäk!» — diýse-de, haçan görüşjegimizi aýtmady. Aýallaryň ikisi hem çykalga ýöneldiler. Goňşy aýalyň ýüzünden onuň biz barada aladalanýandygy bildirýärdi. Men öz ýanymdan ol haçan hem bolsa bizi görmäge geler diýip umyt edýärdim. Emma ol gelmedi. Ejem ädimini haýallatdy-da, gapynyň gulpundan tutup sägindi: «Belki siz biraz şu ýerde ýaşamaly bolarsyňyz!» Soň gapy ýapyldy we biz ýeke galdyk. Edil ejem goşlaryny galdyryp, soňam almaga gelmedi diýip düşünmek boljakdy. Biz günorta naharynyň öň ýany gelenimiz üçin bizi naharhana alyp gitdiler. Ol ýerde uzyn stollaryň başynda altmyşa golaý çaga otyrdy. — Dori, sen ýadyňda sakla, nahar wagty gürleşmek bolanok. Bir zat gerek bolsa, eliňi göter — diýip, terbiýeçi aýtdy. Birinji nahara bize şugundyr berdiler. — Men şugundyry halamok — diýip, terbiýeçä aýtdym. — Halamaly bolarsyň. Hemmesini iýýänçäň seni otyrgyçdan turuzmazlar — diýip, ol jogap berdi. Emma men ýekeje bölejigem ýuwdup bilmejegime göz ýetirdim. Şonuň üçinem men şugundyra barmagymy hem degirmän oturdym. — Doris, şugundyry iý! — diýip, terbiýeçi gaýtalady. Men jogabam bermedim, iýmedimem. Ahyrda hemme çagalary ugratdylar. Men entegem otyrdym. Günüň ortalarynda terbiýeçi gelip meniň oturgyjymy alyp gitdi. Ine, beýleki çagalar agşam naharyna geldiler. Maňa şugundyr iýmedigim üçin hiç zat bermediler. Çagalar garbanyp gitdiler. Men agşam sagat dokuza çenli oturdym. Ýene-de meniň oturgyjymy alyp gitdiler. Men aýak üstünde dursamam şugundyry iýmedim. Men ýeňendirin öýdüp oýlanýarkam, terbiýeçi eline uzyn inçejik taýak alyp geldi. Şol çybyklanmagymy hiç men ýadymdan çykarmaryn. Meni ýokary ugradyp, geýim-eşik goýulýan ýeri görkezdiler. Her çaganyň eşik goýulýan ýeri bardy. Ol ýerde köýnek asmak üçin ildirgiç, ýokarda süpürgiç goýulýan ýer bardy, aşakda bolsa aýakgap goýulýardy. Ähli çagalar ýatmaga gidenleri üçin men ýeke özüm çalşyrynýardym. Otagyň içindäki 20 krowatyň birini terbiýeçi maňa görkezdi. Krowatyň ýanynda halyça ýokdy, diňe geçelge düşelgelidi. Bu ýeriň haýsy hem bolsa geň mekdepdigine men düşünip başladym. — Meniň ejem gelermi? — diýip, men soradym. — Ol seni görmäge geler — diýip, terbiýeçi gümürtik jogap berdi. Men bu gije ýene 7 ýylyň dowamynda şol bir gaýtalanjak zady etmäge çalyşdym. Men uklajak bolup dyrjaşdym. Birnäçe günlerden soň men beýleki çagalar bilen tanyşmaga başladym. «Bu ýer näme diýlip atlandyrylýar?» «Bu çagalar öýi» diýip, olar jogap berdiler. Çagalar öýi. Garamtyl saçly ulurajyk gyz maňa: «Bu ýer hiç kime gerek bolmadygyňda getirilýän ýer» diýip, nygtap aýtdy. Biziň ejemiz çagalar öýüne gelmek aladasyna galanokdy. Hanym Word, ak saçly daýaw aýal, bizi terbiýeçi bilen tanyşdyrdy — hanym Gabriel. Hanym Gabriel hemme oýunjaklar oýnap boljak otagy görkezdi. Diwaryň düýbündäki gapakly agaç gutularda her çaga öz zadyny goýup bilýärdi. Meniňki iň burçda ýerleşýärdi. Ýöne mende salmaga zadym ýokdy. Käwagtlar oýun wagtynda çagalaryň haýsydyr birinden öz gutymda goýmak üçin oýunjak dileýärdim. Olar: «Ýok, bu meniňki!» diýýärdiler. Men özüme zat ýygnamaga başladym. Eger men bir döwülmedik galam tapsamam, ony hiç kim görmänkä, gutuda gizleýärdim. Bir suratly bolsamam, ony hiç kim zaýalamaz ýaly şol gutuda ýygnardym. Birden ýygnamaly bolanda aňsat bolar ýaly men zatlarymy oňaýlyja goýýardym. Ejem aýtmyşlaýyn, biz bu ýerde uzak ýaşamarys. Biz islän wagtymyz gidip bileris diýip, men pikir edýärdim. Ilki men başgalardan çeträk saklanýardym. Boş wagtlarym uzyn ýaşyl oturgyçda öňe-yza hallan atyp oturşyma nädip bärden gidip boljagyny pikir edýärdim. Meniň aýaklarym ýere ýetenokdy. Edil öýümizde aýnanyň öňünde oturşym ýaly ellerimi dyzymyň aşagynda goýýardym. Haçan ejem gelerkä? Öz tanyş öýüme şeýle bir dolanasym gelýärdi! Çagalar meni oýnamaga çagyrýardylar, ýöne men garşy bolýardym. Men bärde uzak bolmaryn diýip, men özümi ynandyrýardym. Maňa entek ejem bilen bile ýaşaýarkam goňur bejergili, agaç sadaply gyzyl penjek sowgat edipdiler. Ähli sadaplaryny ildirip men indi ony her gün geýýärdim. Suwa düşünilýän güni hanym Gabriele ony maňa çykartmak kyn düşýärdi. Bu meni öýüm bilen baglanyşdyrýan ýeke-täk zatdy. Günler we hepdeler geçýärdi, ýöne ejem gelenokdy. Men barha onuň öz beren sözünde durmandygy we biziň bu ýerde galjagymyz baradaky pikir bilen ylalaşýardym. Mariýa ikimiz indi bütin ömrümizi şu ýerde geçireris diýip pikir edýärdim. Assa-ýuwaş men bu birmeňzeş durmuşa öwrenişip başladym. Eger men berkräk bolsam, ýaşap bilerin — diýip men düşünýärdim. Men beýleki çagalara azar berýärdim. Men hiç wagt mylakatly däldim. Men olary iteklärdim we çümmüklärdim. Men uruşýardym. Eger çagalaryň biri maňa oýnawaç bermese, men güýç bilen alardym. Başgalar maňa batyrynanokdylar, ýöne men olary urýardym we muňa puşman etmeýärdim. Men olardan uly ýa-da daýaw däldim, emma güýçli görünmäge çalyşýardym. Durmuş şol birmeňzeşligi bilen akyp durdy. Irden jaňyň sesi oýarýardy we biz ertirlige gitmek üçin hatara düzülýärdik. Her gün bize çekişip duran goýy aş berýärdiler. Men öz ugurtapyjylygymyň zory bilen bu şepbeşigi ýuwutmazlygyň usulyny tapdym. Ilki bilen men öz pökgüje ýaňaklarym has pökgerýänçä ondan agzymy doldurardym. Soňam buşukmaga rugsat sorap elimi galdyrardym we agzymdaky baryny el ýuwulýana dökerdim. Men her gün irden şeýle edýärdim. Bir gezek hajathana ýönelenimde, men birden terbiýeçiniň elini egnime goýanyny duýdum. «Bäri gel, Doris!» — diýip ol buýruk berdi. Hemmeler men tarapa öwrüldiler. Ol meni el ýuwulýanyň ýanyna getirende, men agzymdakyny suwuň akymyna düşürmäge çalşyp tüýkürindim. Soň ol sabyn aldy-da dilimi sabynlady. Ertesi güni aş maňa beýle ýürekbulanjam görünmedi. Şondan soň men ony iýmäge başladym. Her sişenbe we penşenbe günleri bize aýran berýärdiler. Uýadylan bu ak suwuklygy hiç işdäm almansoň, beýleki gyzjagazlara meniň paýymy hem zor bilen içirerdim. Olar hem halamasalar-da basymrak bu synagdan dynmaga çalyşardylar. Haçanda terbiýeçimiz ýeňsesine öwrülende men çaltlyk bilen kürüşgeleri çalyşardym. Men olary: «Eger içmeseň men seni bagda uraryn» diýip gorkuzýardym. Meniň erbet gylygym olary boýun bolmaga mejbur edýärdi. Mariýa ikimiz seýrek bile oýnardyk. Ol bäş ýaşly çagalar bilen başga toparda ýaşaýardy, men bolsa alty-sekiz ýaşlylar bilen biledim. Çagalar öýünde çagalaryň biri-biri bilen ýa-da garyndaşlary bilen gowy gatnaşykda bolmagy känbir halanylanokdy. Munuň sebäbine men soň düşündim: haçanda haýsydyr bir çaga ogullyga alynsa, onda beýleki çagalar ejir çekerdiler. Men krowatyñ gapdalynda ýerleşen, Ester atly akýagyz, göwni açyk gyz bilen dostlaşdym. Soň ol birden ýitirim boldy: ony gyzlyga aldylar. Mekdep guramaçylary onuň bilen çagalary hoşlaşdyrmazlyk üçin ähli çagalar mekdepdekä ugratdylar. Esteriň gidendigine düşünip, şol gije men krowatda ýüzin düşüp agladym. Men ony gaýdyp görmejegime düşünýärdim. «Gaty bir dostlaşmaň, ýogsam gynanarsyňyz» diýip, terbiýeçi duýdurdy. Hiç hili perişde häsiýeti ýok hem bolsa, biziň «Perişde Jebraýyl» diýip at beren, hanym Gabriýelimiz, biziň bilen harby kadalaryň berkliginde gürleşýärdi. Şar gara saçlaryny iki örüm edip goýany üçin , ol doňdurma üçin iki sany şeker taýajygyny ýadymyza salýardy. Onuň örküçli burny we gara gözleri bardy. Ol: «Baryňyzyň içini bilýärin» diýerdi. Biz muňa ynanýardyk. Onuň pikiriçe kesellemek — ony diňlemezlikden eden günämizden döreýärdi. Eger kimdir biri keselläýse, ol ylahyýet garaýyş bilen serederdi. «Bu Hudaý! Ol saňa jeza berýär!» diýip, ol gaharly aýdardy. — Eger sen erbetlik etmedik bolanyňda, kesellemezdiň. Hudaýyň bu jezalandyrmalaryndan biz haýsy günä üçin sowuklama, haýsy üçin bolsa dümewleme, näme üçin asgyrýandygymyzy hasaplamaga çalyşardyk. Ýöne bir gezek Hudaýa salgylanýan Perişde Jebraýylyň özi hapgyrtma keseli bilen keselledi! Öz erbet häsiýetim bilen men tiz-tizden oňaýsyz ýagdaýa düşýärdim. Ýöne käte meni bigünä jezalandyrsalaram beýleki gyzjagazlar duýgudaşlyk etmezdiler. Men köp erbetlik edenim üçin muňa mynasyp bolupdym. Bir gezek ertirki hatara düzüşilikde gyzjagazlaryň biri hanym Gabriýele dilini çykaryp görkezdi. Perişde güýç bilen gyzjagaza tarap elini salgap goýberdi. Ol eglip ýetişdi, men bolsa edil şonuň yzynda durdym. Urgy gelip, göni meniň ýüzüme degdi. «Hanym Gabriýel, bu men däl!» diýip, men aýtmalysyndan gatyrak aýtdym. «Bilýärin, ýöne indiki hepde senem muny gazanarsyň» diýip, hanym Gabriýiel nygtady. Ol günäsini geçmegini soramadam. Şol gije jahan ýagtylmazynyň öňüsyrasy hanym Gabriýel meniň aglaýanymy gördi. «Seniň ýene şol öňküligiň, Doris» diýip, ol hüňňürdedi we ýene bir urgy berdi. Men kellämi ýorgana sokup, ýuwaşja aglamany öwrendim. Golaýymyzda ýerleşýän Oklendiň ýokary tehniki mekdebiniň talyplarynyň türgenleşmelerine seretmek hem bize gadagan edilipdi. Eger seredýärkäk Perişde bizi görse, erbet urardy. Munuň näme üçin edilýändigi biz üçin açylmadyk syr bolup galdy. Biraz ulalanymdan soň hanym Gabriýelden öýkämi kir ýuwulýan otagda daşyma çykarýardym. Ýuwulan köýnekleri tertipläp asyşdyrmak meniň borjumdy. Olaryň şeýle bir gaty sykylyp gatadylandygy we eplenendigi üçin, arasyna taýak sokup açmaly bolýardym. Hanym Gabriýel ýanymdan gideninde bolsa, men eşikler bilen onuň äheninde gepleşerdim. «Molli, ýene bir söz aýtsaň, seni naharhanadan çykaryp kowaryn» diýip, men Perişdä öýkünip aýdardym. Ýa-da: «Jinni, aşyňy iý, ýogsam men ony bokurdagyňa guýaryn». On ýaşlarymda meniň ýene bir borjum kiçijik gyzjagazlara geýinmäge kömekleşmekdi. Bäş ýaşlyja bir gyzjagaz hemişe düşegine buşugardy. Ol bilgeşleýin krowatda oturardy we buşugardy. Näçe ýigrensemem men onuň düşegini çalyşmalydym. Bir gezek irden hanym Gabriýeliň ýok wagty men ol gyzjagazyň burnuny öl düşege basdym. Doris! — diýip, beýleki çagalar gygyryşdylar. Şondan soň ol gyzjagaz gaýdyp düşege buşukmady. Meni näçe gödek we güýçli saýsalaram, meniň hem käwagtlar çagalar bilen oýnasym gelýärdi. Ilki men daşrakda oturyp serederdim. Çagalar: «Biziň seniň bilen oýnasymyz gelenok» diýýärdiler. Men dostlukly bolmagy öwrenmelidim. «Haýyş edýän, menem ýanyňyza alyň. Men gaýdyp sizi urmaryn» diýip haýyş ederdim. Meniň näçeräk dostlukly bolşuma görä olar meni öz oýunlaryna goşmaga başladylar. Mekdepde çagalar öýüniň çagalaryny birmeňzeş eşiginden we saçyndan tanap bolýardy. Hepdäniň belli bir güni kiçijik stolda goýulýan oturgyja gezek-gezegine çykyp oturardyk. Hanym Gabriýel kellämize gap geýdirerdi. Ol uludy we günden goralýan saýawany ýadyňa salýardy. Şonuň kömegi bilen ol biziň saçymyzy gyrkardy. Haçan biz mekdebe gidenimizde hemmämiz birmeňzeş görünerdik. Maşynlar saklanardylar. Ene-atalar bizi öz çagalaryna görkezerdiler. — Men gorkunç. Biz hiç kime gerekmejek çagalar — diýip, men pikir ederdim. Meniň pikirimçe, aňymy iki zat goraýardy. Birinjisi, kitap okamagym, ikinjiden bolsa, surat çekmegim. Hatda Perişde Jebraýyl hem okamak höwesimi goýduryp bilmezdi. Men usullyk bilen iş otagyna girip, uzyn-uzyn hatarlarda setirlenşip duran kitaplary höwesli öwrenýardim. Men ol ýerde «Geklberri Finn», «Tom Soýer», «Gara gözel» atly kitaplary tapdym we ogrynça okadym. Okadygymça ýakymly täsirler dünýäsine girip gitdim. «Heýdi» we «Polliana» kitaplar toplumyny ölüp-öçüp okadym. «Günbatar Ýeli Enejan» atly kitaplar toplumy meniň söýgüli kitaplarym boldy. Tokaýda öz erkine ylgaşýan kiçijik haýwanjyklar barada okanymda, men özümi owadanja gunduz diýip hasaplaýardym. Käwagtlar Perişde meni sapakdan daşary okaýarkam görerdi. Ýöne urulmagym meni okamakdan — ýeke-täk ynanyp bolaýjak dostlarymdan aýryp bilmezdi. Olar meni çagalar öýüniň şol bir gaýtalanyp duran ýüregedüşgünç durmuşyndan goraýardy. Men surat çekmegi hem halaýardym. Men surata seredip, ony çep elim bilen göçürerdim. Ýöne mekdepde diňe sag el bilen ýazmaly diýen düzgün bardy. Bu meniň üçin edip bolmajak zatdy. Men erbet ýazýardym, üstesine sakawlaýardymam. Men näçe jan etsemem, sözler agzymdan bölünip çykýardylar. Bir gezek men mugallyma görmänkä batbörek uçurýan çagalaryň suratyny çekdim. «Doris, muny sen çekmänsiň» diýip, mugallyma meniň partamyň deňinden geçip barýarka aýtdy. — Ý-ýok, b-bu men. — Ýok, sen däl. — Ý-ýok, m-men. Ol çyzgy taýagyny alyp, meniň barmaklaryma urdy. Soň ol goňşy partadaky gyzjagazdan şeýle diýip sorady: — Muny Doris çekdimi? — Hawa — diýip, ol ýuwaşja jogap berdi. — Sen muny nädip etdiň, Doris? — diýip, ol indi ýuwaşrak sorady. — M-men m-muny bu d-däl, bu e-elim bilen e-etdim — diýip, men sakawlap sag elimi däl-de, çep elimi görkezdim. Şol gün biraz gijräk mugallyma maňa hoş habar getirdi: direktor maňa çep elimi ulanmaga rugsat beripdir. Mundan soň men basym mekdebimi oňat görüp hem başladym, sözleýiş kemçiligimden hem halas boldum. Ine, ahyry meniň daşky görnüşime däl-de, eden işime baha berip başladylar. Mekdep guramaçylary biz ulaldygymyzça bizi uzagrak gezelençlere iberip başlady. Her hepdäniň şenbe güni men köçäniň burçunda ýerleşýän dermanhana giderdim, ol ýerde adatça Norman Rokwelliniň çeken suratlary ýelmenen «Şenbe agşamy poçtasy» atly gazetleri görmäge giderdim. Men olara seredip synladygymça gözüm giderdi. Mende gizlin arzuw döredi. Haçandyr bir wagt meniň hem suratlarym şu ýerde durarlar diýip, men pikir ederdim. Adatça men ýaşalýan jaýlara ýakynrak baryp oýnaýan çagalary ýa-da bile agşamlyk iýýän maşgalalary synlamak üçin gezelenje ikindi wagty giderdim. Men agşamlyk taýýarlaýan ejeleri görerdim. Bu durmuş meniň üçin erteki ýalydy. Haçanda men çagalar öýüne dolananymda hiç kimiň meni urmaýan, islän zadymy iýip bilýän erkinlikdäki durmuşy arzuw ederdim. Men şonda isledigimçe gürleşip bilerdim, hiç kim maňa dymmagy buýurmazdy. Her gije arassa düşekde ýatardym we bizar bolan wagtym bir günde iki gezek hem çalşyrynyp bilerdim. Käwagtlar men terbiýeçi uklap ýatan wagty aýagymyň ujunda ýöräp çalşyrynýan otagdaky uly aýnanyň öňüne barardym. Demir daragy alyp kranyň suwundan öllärdim-de saçymy her hili edip görerdim. Ilki çepe darardym, soň saga, soňam iki bölüp goýardym. Ahyry bolsa yza darardym. Ýöne meniň buýra saçlarym diýen etmezekdiler. Gaty buýralar kelläme egilişip durlar. Meniň saçlaryny her hili goýup bilýän gyzlara gözüm gidýärdi, sebäbi men şol gara topbak saçlydygyma galýardym. Bu üýtgeşmeler meniň daşky görnüşimi hiç hili üýtgetmänsoň, men ýüz keşbimi üýtgetmegiň üstünde işläp başladym. Özümi ýylgyrmaga mejbur edip, ýüzümi ünsli synlaýardym: dodaklar ýumuk, dodaklar çala açyk ýa-da dişler görünýär, dişler görünenok. Özümiň oýlap tapan ähli endiklerimi barlap bolanymdan soň, men ýerime geçip uklamaga çalyşýardym. Üçünji bap Söýgi gözleginde Ejem bize her wagt gelip görmegi söz berenem bolsa, ýedi ýylyň içinde iki gezek geldi. Ilkinji gezek gelende, men adatça bolşy ýaly oňa topuldym. «Eje! Eje!» diýip, men onuň özüni Laura diýip atlandyrylmagy talap edenini ýatdan çykaryp gygyrdym. Ol meni yzyrak itekläp torbasyny açyp, ondan sowgat çykaryp, ony Mariýa berdi. Hiç zat üýtgemedi. «Kaka» sözi meniň üçin az many berýärdi: kakam baradaky pikirler örän daşda we bulaşykdy. Beýleki çagalaryň kakasy barada gürrüň edenlerinde men egnimi gysyp oňÿardym. Ýöne men Laura bolan duýgularymdan gutulyp bilemokdym. Ol meni irde-giçde söýer diýen tamam bardy. Täze ýyl baýramçylykda ejem bizi gelip begendirer öýdýärdim. Başga bir adama Täze ýyl baýramçylygy çagalar öýünde içgysgynç bolup görünse, meniň üçin ol aýratyn şatlykdy. Her ýyl şol bir sowgady: gara-goňur reňkli jorap, apelsin, alma we süýji alardyk. Uly arçany myhman otagda ýerleşdirip, şarlar we çyralar asyşdyrardyk. Gimn aýdardyk. Soň täze ýyl çykyşlary başlanardy. Sahna-da edil sowgat ýaly şol bir görnüşlidi — garyp maşgalanyň gyzjagazy Aýaz babadan edil öz isleýän sowgadyny alýardy. Näme üçin ol diňe sahnada däl-de, hakykatdan hem bize şeýle etmeýändigi bizi gyzyklandyrýardy. Täze ýyl baýramçylygynyň esasy özenine biz düşünemizokdyk. Biziň aňymyzda bu baýramçylyk arzanjak bezelen arça, Aýaz baba, sahnalaşdyrylan oýun bilen baglanyşyklydy. Hudaý biziň üçin diňe söz bolmagyna, haçan ulular gaharlananda ýatlanýan söz bolmagyna galýardy. Baýramçylyga ene-atalary çagyrdylar. Käbir ene-atalar gelip, öz çagalaryny öýüne alyp gidýärdiler. Ýöne meniň ejem gelenokdy. Gutlagam, sowgadam ýokdy, hiç kimem gelenokdy. Hiç zat. Bir ene-atasy gelen gyz: «Meniň ejem meni söýýär, a siziňki bolsa ýok» diýip gyjalat edýär. Men gözýaşyma bogulyp ters bakýardym. Kimdir biri, haýyş, meni gowy görsene! Çagalar öýüne ýerleşdirilensoň men diňe bir waka diýseň garaşýardym. Çagalar ol barada öçmejek umyt bilen gürrüň edýärdiler. Aýda bir gezek çagalar öýüne ulular çagalara seretmäge gelerdiler. Birden olar gerekleýän adamyny taparlar. Şol günüň ýakynlaşdygyça hyjuw güýjeýärdi. Alyp gidenleriň öýünde nähili ýaşaýyş bolar? Öz otagym, täze eşigim, täzeçe saç bejerişim bolarmyka? Biz azatlygy göz öňüne getirmäge çalyşýardyk. Belki, bizem edil mekdepdäki beýleki çagalar ýaly bolarys. A belki, bizi gyzlyga alarlar! Biziň hem hemişelik maşgalamyz bolar. Dürli hyýallardan ýaňa biziň gözlerimiz ýyldyraşýardy. Bellenilen güni biziň ählimiz bir uly otaga girýärdik. Biziň saçlarymyz oňat daralan, ýüz-gözümiz ýuwulgy, köwşümiz hem ýalpyldap durdy. Biz hatara durup, has oňat görünmäge çalyşýardyk. Bu gün kimdir biri meni gowy görermi! Ulular gelýärdiler. Olar oňat geýnüwlidiler. Olaryň: «Bu örän gowuja, şeýle dälmi?» ýa-da «Ine bu barada gürleşsek boljak» — diýýänleri eşidilýärdi. Meniň ýüregim has çalt urmaga başlardy. Maňa-da üns beräýiň! — kimdir biri maňa hem üns berip, alar diýen imyt bilen içimi gepledýärdim. Ýöne ol gün hiç gelip ýetmedi. Juny, Bettini, Lilini, Joany saýladylar, meni bolsa ýok. Täze öýüne gitmek üçin goşlaryny saýlaýarka Wirjiniýa örän tolgunýardy. Meniň oňa diýseň gözüm gidýärdi! Eger kimdir biri meni hem alaýan bolsady! Käwagtlar men owadan aýaly görüp, onuň meni alyp, meni-de owadan etmegini arzuw edýärdim. Ine men, üns beriň! Men oňat gyz bolaryn! Ýöne men basym düşündim: diňe owadanja çagalary saýlaýarlar. Men näme üçin özümi goýýandyklarynyň sebäbini oýlanmaga başladym. Belki men ýer ýüzündäki çagalaryň iň bedroýydyryn. Men örän elhenç görünýärin. Men öz sypatymy öwrenýärdim. Belki hemme zada meniň buýra saçlarym günäkärdir ýa-da burnum. Hemmeleriň burny sadap ýalyjak, meniňki bolsa öňe çykyp dur. Belki bar gep meniň reňkimdedir. Men beýlekilere garaňda garaýagyzdym, ýaňaklarym bolsa pökgerişip dur. Mariýa bolsa meniň arzuw edişim ýalydy. Onuň hem meniňki ýaly garaja gözleri bardy, ýöne menem onuň gözlerini has owadan hasaplaýardym. Onuň saçlaram meniňki ýaly garady, ýöne tekizdi. Ýöne reňki akýagyz. Ol inçejik, ýüzi meniňki ýaly tegelek däl-de, ejemiňki ýaly süýnmekdi. Käwagt men şeýdip ünsli synlaýan wagtym, ol çydaman: «Maňa beýle seretmegiňi bes et!» diýerdi. Men edil oňa meňzemäge çalyşýardym, ýöne bu başardanokdy. Bu aýratyn günleriň aladasy aýma-aý ösýärdi. Ýyllaryň dowamynda bu ret edilmek duýgusy jemlendi. Men çişip, hatarda epilip durşuma, beýleki çagalar ýaly ýakymly ýylgyrmagy başaramokdym. Meni gyzlyga alyp gitmejek hem bolsa, synlaýan adamlara çydam etmän, men gizlenip başladym. Hanym Gabriýel yzymdan birini goýberip, aglamakdan kirläp giden ýüzüm bilen meni otaga dykýardylar. Elbetde, beýle diýen etmezek görünýän gyzjagazy hiç kimiň alasy gelenokdy. Edil meniň on üç ýaşlarymda Kaliforniýa uniwersitetiniň talyplarynyň topary çagalar öýüne geldiler. Olar bize Injil taryhyny diňlemäge çagyrdylar. Bizde isleg oýandy. Nämä garaşýandygymy hem bilmän, men iň yzky hatarda ýuwaşja oturdym. Talyplar bize gysgaja aýdymlary aýtmagy öwretdiler we Injil taryhyny aýdyp berdiler. «Isa Mesih biz üçin haçda öldi we Hudaý sizi söýýär» diýip, bir gyz aýtdy. Bu ýalan! Ol dogrusyny aýdanok! Meni hiç kim halamaýar! Meniň şeýle diýip gygyrasym gelýärdi. Belki Hudaý bir ýerlerde kimdir birini söýýändir, ýöne ol men barada alada edenok. Soňundan hem ol gyz: «Eger haýsyňyz Hudaýyň söýgüsini kabul etmekçi bolýan bolsaňyz, öňe çykyp biziň bilen gürleşiň!» diýdi. Hiç kim gozganmady. Otag çagalardan doludy. Meniň öňe çykasym gelýän ýalydy, ýöne bognum ysanokdy. Meniň öýkeledýän çagalarymyň käbirisi edil meniň öň ýanymda otyrdylar. Eger men öňe çykjak bolsam, olar meni hökman saklarlar. Talyplar goşuny ýygnap gaýtmaga hyýallandylar. Haçanda gapa ýetenlerinde olaryň biri ýuwaşja: «Çagalar, bar aýdanlarymyzy unutsaňyzam, sizi Hudaýyň söýýändigini unutmaň!» diýdi. Ol şeýle bir ynandyryjy aýtdy welin, men doňup galypdyryn. Men bu pikire gurşaldym. Munuň hakykatdygyna men ýürekden ynandym. Men düşündirip bilmesemem, Onuň meni söýýändigine anyk göz ýetirdim. Çagalar gaýdyşyp başladylar, men galyp, Hudaý bilen gürleşmäge çalyşdym. Olar Seniň meni söýýändigiňi aýtdylar. Başga hiç kim meni söýenok. Eger Sen isleseň, meni äkidip bilersiň! Birdenkä men Hudaýy ýanymda, hut öz içimde ýaly duýdum. Men täsin bir dünýä düşdüm. Belki bu Hudaýdyr! Şol gije men şatlanmakdan agladym: meni hem söýýän tapyldy. «Doris, näme üçin sen ýene aglaýarsyň?» diýip, Perişde Jebraýyl gaharly sorady. Ol maňa düşünip bilermi? Men ömrümde ilkinji gezek kimdir biriniň maňa edýän aladasyny duýdum. Şol gije meni aglanym üçin urdular, ýöne bu öňkülerim ýaly awuly bolmady. Men Dost tapyndym. Birnäçe hepdeden soň çaga öýünde Irma Fremm diýen gülüp duran terbiýeçi işe başlady. Dynç alyş güni irden ol menden: «Doris, meniň bilen ybadathana gitjekmi?» diýip sorady. «Ybadathana gitjekmi? Höwes bilen!» Çagalar öýüniň ýolbaşçylary maňa onuň bilen Oklendiň Hoş Habar ybadathanasyna gitmäge rugsat berdiler. Hudaýyň söýgüsini kabul etmek kararyna gelmegimi Hanym Fremm berkleşdirdi. Edil şol ýerde men beýleki mesihiler bilen tanyş boldum. Gullukda bolup geçýän zatlara meniň düşünişim pesdi: aýdymlar geňdi, wagyz-nesihatlara bolsa aňym ýetenokdy. Ýöne kem-kemden talyp gyzyň şol aýdanlaryna düşünmäge başladym. Isa Mesih meniň üçin haçda gurban bolup, meni kabul edýär. Kimdir biri meni gowy görüp, meniň üçin janyny hem gurban edipdir! Hudaý meniň daşky keşbime seretmezden, meni bolşum ýaly oňat görýär. Bir gezek hanum Fremm: «Dori, mende seniň üçin sowgat bar» diýdi. Onuň elinde düwünçek bardy. Men tolgunmakdan gürläp hem bilmän ony açmaga başladym. Bu kiçijik, daşyna «Täze Äht» diýip ýazylan gara kitapja ekeni. Bu Injil kitaby bolup, soň maňa düşündirilişine görä, ol Hudaý bilen gatnaşygymy düşündirjek kitapdy. Gözýaşym maňa hiç zat görkezenokdy: bu meniň ömrümde ilkinji sowgadymdy. Bu çagalar öýi diňe on iki ýaşlylara niýetleneni üçin basym meniň on üç ýaşymdan soň Mariýa ikimiz bu ýerden gitmelidik. Soň biz ýalylary ýörite terbiýeleniş öýüne iberýärdiler. Meniň jigim ol ýerde birnäçe wagt bolup, ýene çagalar öýüne dolandy. Men onuň dolanmagyna begendim: men özümi entegem onuň üçin jogapkär saýýardym. Indi biz ikimiz bile çagalar öýüni taşlarys. Ýöne meni biziň nädip ýaşajagymyz gaýgylandyrýardy. Erkinlikdäki adamlar pul gazanmak üçin işleýärdiler. Maňa işlemegi kim öwreder? Çagalar öýünde biz üçin eşigi hanym Gabriýel saýlardy. Meniň üç köýnegim baram bolsa, hiç wagt men olaryň haýsysyny geýjegimi kesgitlemeýärdim. Men saýlamagy öwrenip bilerinmi? Geregiçe oňat geýinmegi başararmykam? Mariýanyň gaýdasy gelenokdy, ýöne biziň indiki durmuşymyz kesgitlidi. Gamgyn duýgular bilen biz dostlarymyz bilen hoşlaşdyk. Bize nätanyş dünýäde durmuşymyzy başlamak garaşýardy. Basym biz çagalar öýünde geçiren wagtymyzyň, soňky başlanan bulam-bujarlyklara seredeniňde müň paý gowudygyna göz ýetirdik. Bize eşik, iýmit boljagyny hem bilemizokdyk. Hanym Gabriýeliň yzgytsyzlygyna seretmeseň, çagalar öýünde biz goraglydyk. Indi biz özümiz bilen özümiz bolup galdyk. Dördünji bap Eje, sen nirede? Men ony göz öňüne getirýärdim: çuň ýygyrtlar, ala gözli, kelte saçly we hemişe çytyk ýüzli. Ol uzyn boýly, 65 ýaşlaryndady. Biz muňa Mama diýip ýüzlenýäris. Mariýa ikimizi çagalar öýünden daşky durmuşa öwrenişer ýaly onuň ýanyna iberdiler. Mamanyň öýüne güÿzde gelenimiz üçin men Oklendiň Wudro Wilson orta mekdebine okuwa bardym. Bize näme üçin Mamamyzyň resmi gözegçilige almadygyny aýtmasalar hem, basym bu aýalyň biziň ejemizi tanaýandygyny bildik. Gelen günümiziň ertesi bizi düzgünler bilen tanyşdyrdylar. «Eger oňatja bolmasaňyz, ine şuny alarsyňyz» diýip, ol herimize bir şapbat urdy. Örän awunsak hem Mariýa ikimiz aglamadyk. Bize stolda naharlanmaga rugsat berenokdylar. Biz galan-gaçany iýmelidik. Ýöne gaty gorkanymyzsoň biz garşylyk görkezmän, gaýtam öwrenişmäge çalyşdyk. — Siziň bagtyňyz geldi. Eger biz bolmadyk bolsak, siz şu wagt köçede gezerdiňiz — diýip, ol sögünip aýdýardy. Onuň ýuwaşja äri bize ünsem bermän, gaharjaň aýalynyň edýän işlerini çydamly çekýärdi. Ol bizi dükana iberende, almaly zatlaryň sanawyny düzmäge rugsat bermezdi. «Süýt, çörek, kelem, nohut» diýip, ol iki sumkalyk bolýança sanap giderdi. Eger nämedir bir zat ýatdan çykaýsa, aýagymyza pol ýuwulýan taýak bilen urardy. Men entegem ejemiň Mariýany goragyn diýen öwüdini ýadymdan çykaramokdym. Bir gezek Mama Mariýany urjak bolanynda, men orta düşdüm. «Haýyş, meni uraýyň» diýip, men ýalbardym. Mama garşy bolmady. Men her günki bäş çakyrymlyk mekdebe çenli aralyk üçin Hudaýa minnetdar bolýardym! Meniň ýakyn dostlarym ýokdy: men beýleki çagalar meniň ýaşan ýerimi, ene-atamy, maşgalamy sorar diýip, gürleşmäge gorkýardym. Ýöne ýeke özüm arassa howada ýörkäm, Hudaý bilen gaty-gaty gürleşýärdim. «Sen maňa kömek etmelisiň! Galany hiç. Haýyş, Hudaý, haýyş!» Bir gezek Mama maňa şeýle ýumuş buýurdy: — Bar, ejeňi tapyp aýt, pul getirsin. Eger getirmeseň, men jigiň ikiňizi kowaryn. — Ýöne men onuň niredeligini bilemok — diýip, men garşy boldum. — Bar tap-da, pul getir. Eger tapmasaň dolanyp hem oturma! — Men ony nädip taparkam? — diýip, aglajak boldum. — Bu meniň azarym däl, ol öz işiň, — diýip, Mama dolanyp gitdi. Biz Oklendiň işçi etrabynda restorandan restorana aýlanmaga başladyk. Mariýa gapyda galýardy. Men görünmejek bolup girip barýanlara bukulyp girerdim. Sagat yzyna sagat geçirip gözleýärdik. Bize gorkunçdy. Restoranyň aýnasynda naharlaryň sanawy, tagamly yslary biziň işdämizi açýardy. Wah, biz hem bir doýup iýip bilsedik! Biziň egnimizde ýyly eşikleriň hijisi ýokdy. Gün batansoň biz galdyrap başlaýardyk. Mariýa aglaýardy. Biz elimiz boş dolanyp baryp bilmejegimizi bilýärdik. — Hudaý, bize ony tapmaga kömek et! — diýip, aglamazlyga çalşyp ýalbarýardym. Öňümizden daşy könelişen, hapa, içi garaňky restoran çykdy. Ýene-de Mariýa daşarda galdy. Bu ýerde men ak börükli adama — meni synlap duran aşpeze dogry geldim. — Men ejemi gözleýärin, agam. Ol hyzmatkär bolmaly. — Bizde çagaly işgär ýok — diýip, ol gysgaça jogap berdi. Ýöne zalyň ol başynda ejem işläp durdy. Men ondan gözümi aýyrman gygyrdym: «Eje!» — Men seniň ejeň däl! — diýip, ol heňkirdi. Soňam stollardan eşidilmez ýaly ýere aýrylyp pyşyrdady: — Men başlyga seni jigim diýip aýdaryn. Soňam saňa näme gerek? — Maňa pul gerek. — Mende ýok. — Mama eger pul getirmeseňiz, sizi kowaryn diýdi. — Sen ýöne aýdaý. Pul ýok — diýip, sözümi böldi we öwrülip gitdi. Entegem bu bolan zatlara ynanman, Mariýa ikimiz restorandan çykdyk. Haçanda garaňky köçeden barýarkak, men gözýaşlarymy saklap bilmedim. Eý Hudaý, sen näme üçin meniň umytlarymy aldadyň? Sen bizi gerekli restorana getirdiň. Seniň kömegiň bilen ejemi tapdyk, soňam nähili boldy! Ejem hemmeleriň öňünde bizden geçdi. Biz onuň öňünde galdyraşyp durduk, ol bolsa bize rehim etmedi. Biz Mamanyň ýanyna elimiz boş dolanyp barýarys. Mama eli taýakly bize garaşyp dur ekeni. Ol pul getirmedigimiz üçin gargap, meni has gaty urdy. Soňam silterläp bokurdagymdan tutup, bogmaga başlady. Dem almam kynlaşyp, men ondan saklanmagyny haýyş edýärdim. Mariýa dowla düşüp: «Doris öler. Ol öler! Goýberiň ony!» diýip gygyrdy. «Güm bol şu otagdan!» diýip Mama gygyrdy. Ol meni has gaty tutdy. — Seni bogup öldürerin. Muňa seniň ejeň hem begener. Bize hem pul barada aladalanmak gerek bolmaz — diýip, ol gygyrýardy. Soň ol meni şkafa salyp gulplady. «Şol ýerde oturyp pikir et. Indiki gezek men iş buýranymda, tä bitirýänçäň öýe dolanmarsyň». Birnäçe sagatdan soň maňa geçip ýatmaga rugsat berdiler. Şonda men ilkinji gezek gaçmak barada pikir etdim. Hudaý, men nirä gideýin? Özüme jogap bermegini isläp ýalbarýardym. Mariýa on iki, men on üç ýaşlarymda bolup, bu aýaldan başga resmi gözegçimiz bolmansoň biz galdyk. Birnäçe aý mundan öň ynamyna giren Hudaý hakynda men ol wagtlar örän az bilýärdim. Ýöne men Onuň biz barada alada edýändigini bilýärdim. Haçanda durmuş çekip-çydap bolmajak derejä geleninde Ol nähilidir bir ýeňillik berýärdi. Onuň haçan hem bolsa, nädip hem bolsa bize kömek etjekdigine gözüm ýetýärdi. Her gün men Irma Fremmiň beren Täze Äht kitabyny okaýardym. Köp zatlar düşnüksiz hem bolsa, aýratyn bellenilen goşgulary ýat tutýardym. «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn», «Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: „Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?“ (Ýewreýler 13:5-6). «Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň» (Ýahýa 14:1). Ejemiz bilen netijesiz duşuşykdan bir hepde soň, mekdepden gelenimizde, öýde nätanyş aýalyň oturanyny gördük. Ol zatlarymyzyň maşyndadygyny, bizi başga ýere äkidýandigini aýtdy. Mama sözünde durdy: biz pul getirmedik, şonuň üçin hem gitmelidik. Biz hiç zat ýitiremizok. Duýdansyzlykdan özümize hem gelip bilmän, Mama bilen hoşlaşdyk. Gysgaja üç çakyrym ýoly geçdik. Biz suwalan, bejerilen, gök otly atyzy we oýnamak üçin meýdançasy bolan uly jaýyň ýanynda saklandyk. Biz eşikli gutularymyzy maşyndan düşürýärkäk, ýanymyzdaky ýodajykdan gyzjagazlar geçdi. Soňrak biz bu jaýyň kazyýetiň gözegçiligindäki gyzjagazlar üçindigini bildik. Olar bizden biraz ulurakdylar, ýöne men bu ýerde oňat bolar diýip, tama edýärdim. Edil şu ýerde men ilkinji gezek Mesih barada bilýänlerimi aýtdym. Onuň biziň günälerimizi bagyşlap, bizi Hudaýa äkitjekdigini gyzjagazlara düşündirdim. Olaryň birnäçesi gyzyklanyp, soraglar berişdirdiler we maňa jogap bermek kynrak düşýärdi. Bir gaharlanan gyzjagaz bolsa meniň diýseň parahat ýagdaýymy görüp maňa topuldy: — Sen näme özüňiň hiç kime gerekmejegiňi bileňokmy? — Düşünýän. Ýöne Mesih men barada alada edýär. — Bolanda näme? Ol saňa kömek edenoga. Onuň sesi uzak wagtlap dälizde ýaňlanyp durdy. Ýöne men özümiň Hudaýa ynamymyň köp ýagşylyklar getirjegine ynanýardym. Eger şol ynam bolmadyk bolsa, men örän bagtsyz boljagyma ynanýardym. Men Hudaýyň özümi söýýänine ynanýardym. Bu ýerde tagamly naharlaýarlar diýip, Mariýa ikimiz pikir edýärdik. Ilkinji gezek meniň hem üsti örtükli krowatym, her gyzjagaz üçin ýörüte geýim goýulýan şkafymyz bardy. Biz hiç wagt beýle elpe-şelpelikde ýaşamandyk. Meniň bagtyma men entegem Wudro Wilson orta mekdebine gatnaýardym. Bu jaý maňa jennet bolup görnüp, men mundan hiç wagt gitmerin diýip umyt edýärdim. Ýöne dört aýdan soň Mariýa ikimizi hususy jaýa geçirýändiklerini aýtdylar. Biz bu täzelige begendik. Belki menem ahyrsoňy özümi gowy görjek adamy taparyn. Biz öz eşiklerimizi gutulara salyp, bizi täze öýe äkitjek maşyna garaşyp başladyk. Bäşinji bap Eý, Hudaý, bu örän agyr Öýde jaň sesi eşidildi. Men uly girelgeden geçip, uly gapyny açanymda doňup galdym. Gapyda edil öňki ýaly gaharjaň Mama durdy. Eýsem, biz şunuň öýüne barmalymy? Men tisginip gitdim. Onuň ýanynda nätanyş aýal durdy. — Biz sizi San-Fransiskoda ýaşaýan bir maşgala äkitmäge geldik. Men ýeňillik bilen dem aldym: — Bize olar barada gürrüň berseňizläň! — Olaryň familýasy Makin. Olar siziň ejeňizi tanaýarlar. Bu bolsa gussaly habardy. Biz maşyna münüp aýlagdan ýüzüp geçmek üçin parom tarapa gitdik. Parom gelip duranda, maşynymyz garalyp duran könelişen jaýyň öňünde durdy. Jenap we hanym Makin bizi bosagada garşy aldylar. Giň döşli, gara gaşly, orta boýly adam maňa gorillany ýatlatdy. Çal saçlary gönümel ýygnalan hanym Makin saryýagyz aýaldy. Olaryň on bäş ýaşlaryndaky ogly we on iki ýaşlaryndaky, Mariýa ýalyrak Sýuzan diýen gyzy bardy. Olar biziň ol ýerde bolup, ähli işlerini etjekdigimize gaty begendiler. Mariýa ikimiziň çaga öýünden gaýdanymyza 8 aýa golaý wagt bolupdy. Biz Mamanyň öýünde 4 aýa golaý, ýene 4 aý ýetim gyzlar üçin öýde bolupdyk. Men basym 14 ýaşamalydym. San-Fransisko göçenimiz üçin Jon Switiň orta mekdebine gatnamaly bolduk. Makinlere göçüp gelen günümiz maňa başgalar bilen bir stolda oturyp naharlanmajagymy aýtdylar. Ondan başga-da men olardan bir zat artsa iýmelidim, galmasa aç galýardym. Mariýa bile iýip-içmäge rugsat berdiler. Olaryň oňat görüp togamy balykdy. Haçanda maşgala naharlanyp bolanynda, maňa galan-gaçan ýetýärdi. Hanym Makin kelläni we guýruklary süýt gaýnaýan gazana atyp maňa nahar taýýarlardy. Käwagt iki kelle, iki guýruk bolup meniň bagtym çüwýärdi. Men göni maňa seredişýän sadap ýaly balyk gözlerini diýseň ýigrenýärdim. Olar maňa hanym Gabriýeliň içiňden parran geçip barýan kiçijik gözlerini ýatladýardy. Bu balyk gözleri meniň ýadymdan ömürlik çykarmaga synanyşsam hem ýakymsyz ýatlamalary ýadyma salýardym. Şondan bäri haçan balyk iýsemem, «en toto» taýýarlanan balygy işdäm çekenokdy. Mariýa hemişe Sýuzan bilen oýnaýardylar. Men tozan süpürip, pol ýuwýardym we odun döwýärdim. Ýöne balyk kellelerinden, agyr işden başga-da, sebäpsiz degýän taýaklaryň hem yzy üzülenokdy. Makinler öz aralarynda erbet sögüşip, soň hem bar gaharyny menden çykarýardylar. Olar hiç wagt Mariýany ýa-da öz çagalaryny urmaýardylar. Ýöne meni welin rehimsiz ýençýärdiler. Men köplenç Makinleriň şkafynda gizlenip aglaýardym. Käwagt men Mariýadan: «Olar näme üçin maňa beýle daraşýarlar?» diýip soraýardym. — Men bilemok — diýip, ol jogap bererdi. Meniň ykbalym ony gyzyklandyrýarmy? Şübhelenýärin. Eger gyzyklandyrýanam bolsa, ol hem meniň günüme düşmezlik üçin syr bildirenokdy. Mariýa ikimiz hiç wagt töweregimizde bolýan rehimsizligi, näme üçin bizi ýekirýändiklerini saýhallamazdyk. Biziň ykbalymyz hemişe şeýledi, başga durmuşy biz bilemizokdyk. Meniň örän oňat görünesim gelýärdi. Hatda has artygragam. Haçanda men kir ýuwup ýa-da gap-gaç ýuwup bolanymdan soň kimdir biriniň: «Dori, sen örän oňat işlediň» diýerini isleýärdim. Adamlara ýene näme etsem, maňa sag bolsun aýdarlarka? Men her hili ýallaklap görýärdim, ýöne bu kömek edenokdy. Işim üçin maňa pul bermeýärdiler. Haçan men goňşularda eneke bolup işläp bersem, Makinler elimden pulumy alardylar. «Olar seni saklaýanymyz üçin gerek» diýip, olar düşündirýärdiler. Mariýa ikimiz prezident Ruzweltiň rahatçylyk wagtynda gurnan işçiler ýolbaşçylygy taslamasynda egin-eşik almak üçin nobata durardyk. Biz öýe gymmat bahaly ýük bilen dolanardyk, ulurak balaklar, her hili düşek daşylar, ulurak aýak-gaplar. Meniň ýatýan krowatym nahar iýilýän otagdan Makinleriň ýatýan otagyna geçilýän dälizde ýerleşýärdi. Mariýa Sýuzan bilen bile ýatýardy. Tiz-tizden aýaklaryny gaty tarkyldadyp hojaýyn aýalyň ýatyş otagyna del we geň adamlar geçerdiler. Bir gezek bir erkek adam meni utandyrmak üçin ýorganymy serpdi. Men gykylyklap, kakynyp başladym we ol gitdi. Hiç wagt hiç kim maňa jynsy günäsizlik barada hiç zat aýtmadyk hem bolsa, meniň duýgularym nikasyz gatnaşygyň günädigini duýýardym. Hudaýym, meni arassalygyma saklaweri! Şu wagt yzyma ser salmak bilen men Makinler meniň şol haramlaryň haýsy hem bolsa birine göwün berer diýip tama eden bolmaklaryny pikir edýärin. Olaryň Mariýa bolan gatnaşygyndan, maňa bolan ýigrenjinden olaryň menden haýsy hem bolsa bir sebäp bilen dynmagy isleýändiklerine düşündim. Makinlerde ejem iki gezek görme-görşe geldi. Geçen günlerimizden galan göwün ýaralaryma seretmezden men onuň gelmegine şatdym. — Eje! — diýip, men gygyrdym. — Eje diýme. Laura diý. Men seniň ýanyňa gelmedim. Hany Mariýa? Mende onuň üçin sowgat bar. Ýiti agyry meni kesip geçdi. Men öýkeli we gaharly ters öwrüldim. Şol gün men onuň özümi hiç wagt oňat görmejegine göz ýetirdim. Ýöne men indi onuň özümi näme üçin ýigrenýändigine göz ýetirer ýaly uludym. Onuň we meniň ýaşymy hasaplap, men onuň meni on bäş ýaşynda dogurandygyny bildim. Onuň özi hiç wagt bu barada aýtmadyk hem bolsa, göwreliligiň onuň ir äre barmagyna sebäp bolandygyny güman etdim. Ýöne muňa düşünmegim söýgä islegimi we öýkämi azaldyp bilenokdy. Hiç wagt ýan bermeli däldigine düşünýärdim we gaýtadan Hudaýa ýüz tutýardym. Her gün mekdebe ugramazyň öň ýany wanna otagyna girip, içinden ýapyp, wannanyň ýanynda çök düşüp oturardym. Torbamda gizläp goýýan Täze Ähtimi alyp okap başlardym. Olar menden kitabymy almasynlar diýip, men gizlenmeli bolýardym. Meniň Injilim söýgi hatlary kitaby ýaly meniň Hudaý bilen bile syrymdy. Maňa hiç kim goşgy ýatlamagy öwretmedi. Ýöne eger olar maňa bir zat diýseler, meniň ony ýat tutasym gelýärdi. Käbir ýerlerine bellik edip, ýazgy ýazardym. Soň men Hudaýdan bu gün mekdepde kömek etmegini soraýardym. Men wannada edilýän dilegsiz geçen günümi göz öňüme getirip bilemokdym. Töweregimi gurşap alan rehimsizlige garamazdan, mende ýeke-täk Dost — Hudaý bardy. Köplenç men mekdepden dolanyp, urulmakdan gorkup, öýe girip bilmän durardym. Şonuň üçinem men garaňky bagýodada gezip, sowuk ýoldüşegde ýatardym. Bu Makinlerde iýýän taýaklarymdan gowudy. Käwagt Hudaý meniň bilen sesli gepleşerdi. Men San-Fransiskonyň köçelerinde gezip ýörkäm, dükanlaryň aýnasyndan owadan geýnen manekenleri görýärdim. Wah, meniň hem ýekeje köýnegim bolsady. Şonda men Hudaýyň maňa: «Dori, sen ajaýyp geýnen, ýöne bu adam gözüne görünýän eşikde däl-de, Mesihiň hakykatynda» diýenini eşiderdim. Käwagtlar meniň tagamly zatlary iýesim gelýärdi, haçanda restoranlaryň, konditer dükanyň gapdalyndan geçenimde, içim ajymdan burgulaýardy. Käwagtlar ogurlamaga hem hyýal ederdim. Emma Hudaý maňa: «Adam diňe çöregi bilen ýaşaýan däldir…» diýerdi. Dükanlarda men aýallaryň öz ärleri bilen el tutuşyp geçişini görýärdim. Olaryň biri öz çagalaryny gujaklap geçerdi. Eý, Hudaýym, meniň hem elimden tutup gezjek hossarym bolsady! Hudaý jogap bererdi: «Dori, Men seniň hem eneň, hem ataň, doganyň hem uýaň. Men hemişe sen bilen bolaryn». Hudaýa şükür, Ol meni ýeke goýmaýar. Ruhdan düşmelerim käwagtlar birnäçe günläp dowam ederdi. Wagtal-wagtal haçan hem bolsa, bir wagt meni yzarlaýan yzaly göwne degilmelerden galan duýgulardan halas bolarmykam diýip pikir edýärdim. Makinlerde biraz gymmat durýan zatlary bardy. Şolaryň birem aýratyn ýagdaýlarda ulanylýan, aýnanyň öňünde duran uly radiody. Maňa şoňa golaý barmak gadagan edilipdi. Bir dynç alyş gününde hemmeler gidensoň, men şony açanymda, tötänden Çarlz I. Fulleriň «Köne modada gaýtadan dogulmagyň sagady» atly gepleşigi tapdym. Meniň aç göwnüm ruhy sazy we wagzy susup alýardy. Her dynç güni men hemmeleriň öýden giderini, özümiň hem bolsa radio diňlärimi dilärdim. Bir dynç güni ýuwaşja öýden çykyp, köçeden aýlanyp, Hudaý barada köpräk eşider ýaly hem-de özüm barada alada edýän birini tapar ýaly ybadathana gözläp başladym. Çep burçda uly bir ybadathana tapyp, girip iň soňky hatarda, burçda oturdym. Ol gün irden ruhany gözüni kitapdan aýyrman bir zatlar okady. Meniň bilişimçe, bu ýerde bir zat bolmalysy ýaly däl diýip, men öz-özüme öýe gaýdyşyn aýtdym. Indiki dynç güni başga bir ybadathana tapyndym. Ol ýerde ruhany meniň Oklendde eşiden zatlarymy aýdýardy. Duýgularymdan aňyşym ýaly bu adam hem meniň bilýän zatlarymy bilýärdi: Hudaý bar we biz Onuň söýgüsine bil baglap bileris. Diňläp bolup men ruhany, doktor Luýis Jullianella özümi tanatdym. Men özümiň baptistleriň San-Fransiskodaky ilkinji ybadathana düşenimi bildim. Birnäçe hepdeden soň öz durmuşymyň käbir böleklerini aýdyşyp başlamda, bu barada Makinleriň bilmeginden gorkýardym. Meni ünsli diňläp, doktor Jullianell goldamak üçin maňa ybadathanada Mukaddes Ýazgyny okamaga rugsat berdi. Beýleki gelýänler meni Ýunion Skwere ýygnaga çagyrdylar. Hoş habary paýlaşmak bilen men barha ynamlanýardym. Edil şu ilkinji ybadathanada men mesihi boldum, meni suwa çümdürdiler. Käwagtlar maňa ybadathana gitmäge wagt bermejek bolup, Makinler odun aýyrmagy buýrardylar. Olar maňa uly bir töňňäni bererdiler. Men bolsa uly paltany bar güýjüm bilen salgap işimi gutarardym. Men ybadathana gitmek üçin ähli işi etmäge kaýyldym. Men mekdepde dostlukly ýagdaýda gezsemem, ýakyn dostlarym ýokdy. Men eýýäm başgalar ýaly däldigimi bilýärdim. Meniň geň öýüm barada näçe az adam bilse, şonça hem gowudy. — Dori, bu hem sandykdanmy? — diýip, meniň ýyrtyk köýnegimi görkezip, okuwçy gyzlaryň biri aýtdy. Hemmeler gülüşdiler. Men uýatly ýylgyrdym. Beýleki çagalar edil ýetginjekler ýaly görünýärdiler: gysgajyk joraplar, çepekli, ulurak switerli. Güni bilen rejeleýiş otagyndan çykmazlygy men näçe tiz-tizden arzuw ederdim. Meniň öz ertirligim hem ýokdy, oňa pulum hem ýokdy. Ýöne muny kimdir biriniň bilerini islämokdym. Şonuň üçinem iýip içmeli wagty çykyp gezmäge giderdim. Eger men galsam, iýmitiň görnüşi meniň üçin hakyky synagdy. Käwagt kimdir biri maňa etli çörek hödürlese, men: «Ýok, sag bol! Men gidip gezelenç etjek» diýerdim. Men öz gizlin syrym bilen ýekelikde galýardym. Köplenç men ganaýan burnumy ýa-da gögeren gözlerimi bejermäge synanyşýardym. Ol gökler barada sorasalar, men ýalan sözlärdim. Men dürli bahanalar oýlap tapardym. Urşanlygym ýa-da başga bir bolgusyzlyga gatyşanlygym barada boýun alardym. Eger hakykat bilinäýse, has beter urularyn diýip men gorkýardym. Meni gorkunçlyk gurşap alypdy. Maňa ýeňip geçmek gerekdi. Ilki men oňat okaýardym. Ýöne Makinlerde geçen iki ýylymdan soň bahalarym peseldi. Meniň erbet bahalarymyň, şylha eşiklerimiň öýdäki ýaramazlyklardandygyny mugallymalaryň biri güman etdi. Men mugallymyň maňa üns berenligi üçin Hudaýa minnetdar boldum. Bir gezek mekdebiň gapysynda meni Ýaşlar guramasyndan iki adam saklady. «Sen Doris Dakwortmy?» diýip, biri sorady. — Hawa — diýip, men duran ýerimde hüňňürdedim. — Gorkmagyn — diýip, meni erkek adam köşeşdirdi. Şondan soň ol bir kagyzy maňa uzatdy: Bu çagyryş. Sen ýetginjekleriň işi barada kazyýete barmaly. Meniň gorkym şol wagt aýryldy, emma ol ýene: — Şeýle hem biz seniň bilen ýaşaýan adamlary hem çagyrarys hem-de seniň ýaşaýyş şertleriň barlanar. Olara seniň bilen bile kazyýete gelmek gerek däl. Ýöne seniň ejeň çagasyna yzgytsyz gatnaşygynda aýyplanar. Aňk bolup ýuwaşjadan öýe gaýtdym. Örän gorkdum. Eý Hudaýym, olar eýýäm bilýärler. Belki, olar meni öldürerler. Haçan men gelenimde Makinler gahardan ap-ak bolan ýüzleri bilen garşy aldylar. — Gir — diýip, jenap Makin azgyryldy. Ädimini agyr basyp, maýmyna meňzäp ol aşhana öwrüldi: — Bäri gel. Meniň gorkumdan içim sanjyp gitse-de, men bardym. Hanym Makin yzyma düşüp geldi-de, gapa söýenip durdy. Aýaklary giňden açylan, elleri gursagynda, gözleri bolsa gahardan ýanyp durdy. — Dyzyňa çök, — çirkin ses bilen jenap Makin aýtdy. Men aýdylany etdim, emma bilindäki kemerini çözýänçä, men näme bolup geçýänine düşünmedim. — Bu ýere ýaşlar guramasyndan adamlar geldi — diýip gygyryp, ol meni urmaga başlady. Kemer urgulary meniň ýagyrnyma siňýärdi. Agyry tolkunlary endamymy kesip geçýärdi. Hudaýym, bu örän çydamsyz! — Sen nädip biziň bilen beýle edip bildiň? — jenap Makin gygyryp, meni ýençmegini dowam etdi. — Biz saňa eýe çykdyk. Biz seniň üçin hemme zat etdik. Sen bolsaň bizi polisiýa aýdypsyň. Bu bolsa seni minnetdar bolmaklygy öwreder! — Gamçy meniň boýnuma gelip düşdi. Men halyçanyň üstünde düýrlenip ýatyşyma çirkin gygyrdym. Olar meni ölýänçäm urarlar diýip gorkdum. Men özümi halas etmelidim. Gapydan çykyp bolmaz. Ol ýerde hanym Makin durdy, ýöne otagyň ol tarapyndaky aýna ýere ýeterläp durdy. Hudaýym, sen maňa kömek etmeseň… Men aýnany döwüp ýere bökdüm we dyzlarymyň üstüne düşdüm. Uzyn ýeňli köýnegim meni gowy gorady, az-kem kesikler bilen ýaralanyp, men bu ýerden gaçyp gitdim. Ýollary saýgarman, garaňkylyk bilen gaçyp barýäryn. Men San-Fransisko baýyrlyklar bilen gaçýardym, kä ýerde demimi dürsemek üçin az wagtlyk saklanýardym. Iki ýarym sagatdan soň men balykçylaryň aýmançasyna gaçyp geldim. Meniň başym aýlanýardy, duýgularym garyşypdy, endamym urgulardan we kesiklerden agyrýardy. Suwuň gyrasynda aýagymy Ýuwaş okeanyna sokup oturşyma pikirlerimi bir ýere jemlemäge çalyşýardym. Daşdan Altyn derweze köprini gördüm. Okeana tarap barýan ýükli gämiler ýuwaşjadan onuň aşagyndan geçýärdiler. Meniň şeýle bir Hytaýa tarap barýan gämide bolasym geldi! Elbetde, men ol gije hiç bir gämä münüp bilmedim. Ýöne şeýle bir nirädir bir ýere gidesim gelýärdi. Hudaýym, bir ýuwaşja künjek tapyp, bu gijäni geçirip bolsady! Ýöne men ýekedim, gitmäge bolsa ýerim ýokdy. Men on bäş ýaşly bolsamam, daşa gaçmaga gorkýardym. Eger meni tapsalar, belki, meni kazyýete bererler, has beteri Makinler meni öldürerler. Gözýaşymy süpürip, uzak aralykdan yzyma dolandym we gaçyp gutulyp bolmajak bela taýýarlandym. Elbetde, olar meni ýene urdular. Krowatda aglap ýatyşyma men Hudaýa sygynýardym. Ýöne şol wagtam men Onuň söýgüsini inkär edemokdym. Duýgularym maňa Onuň men barada alada edýändigini, basym meni bu bulam-bujarlykdan alyp çykjakdygyny habar berýärdi. Men hemişe Onuň özümiň çydamajak synaglarymy ibermejegini duýýardym. Ol meni yzarlap, maňa geçer ýaly ýol görkezýärdi. Haçanda men Ol barada pikir edenimde, endamymdaky urgularym hem gaty bir agyranokdy. Ýöne bu gije men özümi ýitirdim. Hudaýym, men Seniň söýýäniňi bilýärin. Ýöne bu örän agyr. Sen meni bu ýerden boşadyp bilermiň? Haýyş edýän! Altynjy bap Zenan, bu siziň gyzyňyzmy? Kazylaşmak güni golaýlaşdygyça maňa gorkunçdy. Maňa hiç kim näme boljagyny duýdurmasa-da, men Makinleriň hemme zada ukyplydygyny, meni türmä oturtmak üçin her zat etjekdigini bilýärdim. Maňa diňe bir zat mälimdi: elimdäki ak kagyzda ýazylyşy ýaly, bellenilen güni ir sagat 10-da men kazyýete barmaly. Mariýa meniň bilen gitmek hökmän däl. Kazyýetiň jaýynda bir aýal, kazynyň meniň ýagdaýyma duýgudaşlyk etjekdigini aýdyp, meni biraz köşeşdirdi. Ýygnak diňe meniň ejemi çagasyna bolan erbet gatnaşygyny näletlemek üçin gurnalypdy. Kazyýetiň zalyna girip, daş-töweregime seredip ejemi gözledim. Ýöne ol entek ýokdy. Eger ol gelmese näme diýip, men pikir etdim. Dymmak bilen kazynyň gelmegine garaşýardym. Birnäçe sekundyň dowamynda ol garşysynda duran adamlary synlap durdy. — Doris Dakwort — diýip, ol aýtdy. Meniň ýüregim gozganan ýaly boldy. Ýaňyja meniň bilen tanyşan aýal meniň gapdalyma gelip durdy. «Hemme zat bolmalysy ýaly, gorkma» diýip, ol zalyň içi bilen kazynyň ýanyna barýarkak pyşyrdady. — Laura Dakwort — kazy habar berdi. Ýeňsämden men ejemiň aýak sesini eşitdim. Indi ol meniň çep gapdalymda durdy. — Bu siziň gyzyňyzmy? — diýip, kazy sorady. Uzak dymşyk dowam etdi — şeýle bir uzak welin, ejem menden ýüz öwürýändir diýip oýlandym. Men kellämi galdyryp, gözümiň gytagy bilen oňa seretdim. — Bu şeýle, kazy, ýöne eger mümkin bolanynda, men ondan entek dogulmanka dynardym. Gysgaja jedel başlandy. Kazy Mariýany we meni ejemden hemişelik almaly diýip karar etdi. Şondan soň biz kazyýetiň garamagyna geçdik. Kazy meni Makinlerden alyp, täze jaýa ýerleşdirip, akylly karar etdi. Hudaýym, men munuň üçin Saňa minnetdar diýip, men ýuwaşjadan dillendim. Kazyýetiň zalyndan çykyp barşyma ejem men tarapa öwrülip hüňňürdedi: — Ýene bir gezek seni görsem öldürerin! Eger men öňde-soňda ölmegi arzuw eden bolsam, ol şu gündi. Umytlarym döwüldi. Onuň ret etmesi doly we gutarnyklydy. Meni garaňkylyk gurşady. Men şeýle elhençmikäm? Ýekelikde öýde otyrkam men seslenip, Hudaýdan ejemiň näme üçin meni beýle ýigrenýändigine düşünmäge kömek etmegini diläp başladym. Men ony ýigrenmezligimi dileýärdim. Haçanda çagalygymda eden ýalňyşyma düşünmek üçin çagalygymy ýatlanymda, meni ýiti agyry deşip geçerdi, ýöne hiç zat ýatlap bilemokdym. Soň men ejemiň özüniň hiç wagt söýüp hem görmändigine, hem söýülmändigine göz ýetirdim. Şol wagt Hudaý maňa ony bagyşlamaga kömek etdi. Meniň gözlerime ýaş aýlanyp, oňa ýüregim awady. Agyry ýüregimiň töründe ýerleşdi. Ýöne ýigrenç ýokdy. Hudaý maňa Özüniň hem ýalňyzdygyny aýtdy. Olar Ony her hili gynadylar, emma men Onuň yzyna eýerijileriň hasabyndadym. Şol gün Ol meni bejerdi we ömürlik galjak ýara yzyny tekizledi. Makinler Mariýany saklandyklary we iýdirendikleri üçin pul gelýänçä öz öýünde entek saklajakdyklaryny aýtdylar. Şonuň üçin hem Mariýa olarda galdy, meni başga öýe geçirdiler. Birinji baptist ybadathanadan Roý Milen meni ybadathana gatnaýanlaryň maşgalasyna ýerleşdirmegi gürleşdi. Men täze ekleýjileriň öýüne gelenimde, meniň elimden gysdylar. Olar örän mylakatly we gowudylar, emma hiç wagt meni arzuw edişim ýaly ýylylyk bilen gujaklamadylar. Olar meni borçlary sebäpli aldylar, emma söýüp däldi. Maňa hemmeler bilen bile naharlanmaga rugsat berdiler, hiç wagt gygyrmadylar, urmadylar. Her hili bolup oňat görünmäge çalyşsam-da, men onça bir ýakyn bolmaýardym, hatda çagyrmasalar olaryň ýygnanan otagyna girmeýärdim. Adamlar ybadathanada şeýle mesihi işini bitirendiklerine guwanýardylar, emma olar maňa ol ýylylygy, ýaşamak üçin zerur bolan gepleşigi berip bilenokdylar. Belki bu, dogrudanam, şol mesihiler öýüdir, ýöne meniň arzuw edişim ýaly däldir diýip, men pikir edýärin. Aýaly hemişe gümançyl bolup, hemme erbetliklere ynanýardy. Bir dynç güni sadakalar ýitdi. Ol bu ogurlykda meni güman etdi. Haçanda men ogurlamandygymy aýdanymda, ol meni ýalan sözlemekde aýyplady. Onuň günäli günäsizligiňi kesgitleýän düşünjesi ýönekeýdi: eger aglasaň, sen günäkär, eger gözüňde ýaş bolmasa, bigünä. Hudaýym, maňa aglamazlyga kömek et! Durmuşymyň iň bagtly ýeri hem ol meniň wagtly-wagtynda ybadathana baryp bilmegimdi. Birinji Baptist ybadathanasynda men Robert J. Li we Jipsi Smitiň çykyşlaryny diňledim. Hemme Hudaýa gulluk etmelerde ýazgy ýöretmek bilen barha çuň öwrenýärdim. Bir üçünji güni suwa çümdürilýän wagty bir erkek kişi egnime dürtüp, bir geň aýalyň köçede öz gyzy Dorisi çagyrýandygyny aýtdy. Bir erbetlik bolandyr diýen aladaly, bir gorky bilen men köçä çykdym. Ol ýerde içgili we gaharly, özüni bilmän Laura durdy. Ol derrew öz aýdasy gelýänleriniň baryny dökdi. Täzelikde ol meniň kakamdan soň, dördünji ärine barypdyr we ol äriniň Mariýa we men barada hiç zat bilmezligini isleýärdi. Ol gygyrýardy, meni öldürerin diýip haýbat atýardy. Elbetde, men dymmagy söz berdim. Men Mariýa ikimiziň oňa azar bermejegimizi we täze äriniň hiç zady bilmejegini ynandyrdym. Hakykatda welin men onuň nirede ýaşaýandygyny hem bilemokdym we bilmek hem islämokdym. Ol arkaýyn ärine dolanyp biler. Ol gideninde nähili gözgynydy! Men ony ýigrenip bilemokdym. Meniň oňa ýüregim awaýardy. Birnäçe aýlardan soň men Laura Oklendiň köçesinde gabat geldim. Onuň elinde emzikli çaga bardy. Ejem guwanyp: «Seret, eýsem ol gurjak ýalyjak dälmi?» — diýdi. Näme üçin, näme üçin ol meni hem şeýle oňat görüp bilenokka? Meni beýle ýigrenip, ýigrener ýaly men näme etdimkäm? Men ejemiň hiç wagt özümi halamajagyna düşünýärdim, ýöne onuň bilen bolan duşuşyk meniň ajy duýgularymy gozgady. Bu ýigrenç oňa gönükdirilen däldi. Hudaý maňa onuň diňe durmuşyňy bulaýandygyny, ýöne munda üýtgetmäge zat ýokdugyny düşündirdi. Öýkesi geçse-de, agyry galdy. Men gelýänleri görkezip bilýän söýgüsini däl-de, hakyky söýgüni isleýärdim. Mariýa ikimiz Jon Switiň orta mekdebinde duşýardyk. Bir gezek biz mekdep howlusynda sataşdyk. — Doris — diýip, ol gözlerini aşak dikip ýaýdandy. — Men durmuşa çykýan. — Ýok, ýok, Mariýa! Beýle bolmaz, sen ýaňy 15 ýaşadyň. — Doris, sen düşünmeýärsiň… — Haýyş edýän, Mariýa, haýyş! Saňa ilki bilen mekdebi gutarmak gerek, biraz işlemek, soňam… — Doris, meniň çagam bolar! Şol ýerde meýdançada, meniň bir bölegim öldi. Ýyllar boýy jogapkärçilik çekip ösdüren jigim indi irden nikalaşmaga mejbur bolupdyr. Men doňup galdym. Beýle bolup biler diýen pikir hatda meniň kelläme hem gelenokdy. Makinlerde ýaşaýarkam, men onuň ýigidini bir-iki gezek görüpdim. Ol 17-18 ýaşlaryndaky uzyn boýly ýigitdi. Indi meniň jigim göwreli. Ol basym ene bolar. Bu nädogry bolup görünýärdi. Mariýada hemişe maňa garaňda köpräk artykmaçlyk bolýardy. Ol ýakymlyjady, iň bolmanda ony ejem halaýardy. Hossarlaryň öýünde oňa gowy gatnaşyk edýärdiler we ol tiz dost tutunýardy. Ýöne olam men ýaly kimdir biri gowy görýän adamy gözleýärdi. Söýgi gözlegi ony nika ýakyn getiripdi. Mariýa hiç wagt Hudaý bilen gyzyklanmandy. Men Mesihiň özüm üçin ähmiýetini aýdyp başlasam, ol: «Dori, bu hakda bes etsene» diýerdi. Bu meniň göwnüme degerdi we men onuň üçin köp dogalar okardym. Häzir ol durmuşa çykmaga hyýallanýan wagty men onuň özüniňem, äriniň hem bagtly nikada düşünişip ýaşar ýaşdan kiçidigini bilýärdim. Mariýa meni toýuna çagyrdy, emma meniň bilen bile ýaşaýan adamlar ol öýe barmaga rugsat bermediler. «Ol edil seniň ejeň ýaly» diýip, olar özüçe baha berdiler. — Biz seniň hem şonuň ýaly bolmagyňy islemeýäris. Toý güni men örän gaharly gezdim. Men özümiň jigime gerekdigimi, öňkülerimdenem has gerekdigimi bilsem hem, biziň çeken agyry-azaplarymyzy duýmaýan adamlara boýun bolup, ol ýere baryp bilemokdym. Men krowata özümi zyňyp, durmuşyň bu eden-etdiliklerini çekip-çydar ýaly Hudaýdan güýç-kuwwat dilärdim. Hidaýym, Mariýa we onuň ärine kömek et, olara Seniň söýgüňi we aladaňy duýar ýaly et, haýyş! Hepdeler, aýlar geçip durdy, men özümi ýeke duýup başladym. Men paroma münüp, Oklenddäki çagalar öýüne baryp gaýtmagy ýüregime düwdum. Men ol ýerde ýedi ýyl ýaşadym we belli bir derejede ol meniň öýüm boldy. Ol ýerde tiz-tizden sataşyp durýan dostlarym galdy. Bu gezek men barýarkam dümew bilen keselledim. Doktor Welç nädip maňa kömek edip boljakdygyny görmäge geldi. «Salam, Dori» diýip, ol şunça wagtlyk uzak arakesmeden soň şatlykly salamlaşdy. Ol hemişe meniň bilen gowy gatnaşykdady, häzir hem ol meniň çaga öýünden soň nämeler bilen meşgullanandygymy sorady. Biz birnäçe wagt gürleşdik. Meni onuň dostlugy ýyladýardy. Birdenkä ol: «Sen biziň bilen bile ýaşamagy we işlemegi isleýärmiň?» diýip sorady. «Elbetde, men siz bilen we hanym Welç bilen ýaşamak isleýärin!» diýip jogap berdim. Bagtyma men indi ol ybadathana maşgalasyna dolanmaly bolmadym. Sagalamsoň doktor kagyzlarymy taýýarlaşdyrdy we men derrew Welçleriň Oklendiň golaýyndaky owadan jaýyna göçüp geldim. Meniň öňki ýaşan ýerime duýdurypdyrlar we olar meniň goşlarymy täze öý salgysyna iberdiler. Eý, Hudaý! Men ukuda dälmikäm? Meniň ajaýyp öýüm bar, doktor bolsa meniň başlygym bolar. Bu hakykat bolmalysyndan gowudy. Ýedinji bap Doris, seniň kakaň nirede? Welçlere göçüp gelmegim edil jennetiň gapysyndan giren ýalydy. Uly iki gatly jaýyň agyr gazma nagyşly gapysy açylyp, aňyrsyndan kesme suratlar bilen bezelen uly eýwan göründi. Aýlanýan basgançak bilen olar meni öz otagyma getirdiler. Ol uly, ýagty we haly bilen bezelen otagdy. Uly krowat bilen şkaf meniň doly ygtyýarymdady. Hanym Welç maňa söz beren täze eşiklerini berdi. Meniň ýüregim doňup galdy. Olar meniň göz öňüme getirişim ýaly epinli ýubkalar we reňkdeş switerler däldi. Bular ala reňkli ýörüte eşikdi. Men öýde kömekçi bolmaly. Men özümiň geňirgenmegimi bildirmedim, sebäbi meniň gören öýlerimden Welçleriň öýi iň gowusydy. Ýöne meniň gözlerimden hakyky duýgularym bildirer diýip men gorkýardym. Hudaýjan, diýip men ýuwaşja ýalbarardym, maňa ýylgyrmaga kömek et! Goý, olar meniň hakykatda näme pikir edýändigimi bilmesinler. Maňa borçlarymy düşündiripdiler: men telefony almalydym, girelge gapyny açmaly, stola nahar ibermeli, hyzmatkäriň başga ýumuşlaryny bitirmeli. Men ýene maşgala agzasy bolmadym we olar bilen bile naharlanmaly däldim. Maňa ýene-de ikinji derejeli adamlygym bilen oňuşaýmak galýardy we indi men hemişe ýeke naharlanmaly bolaryn diýip pikir edýärin. Birnäçe günden soň men 8 aýlap bile ýaşan ybadathana maşgalamyň iberen öz goşlarymy aldym. Haçanda köýneklerimiň birini geýenimde, men jübimden şeýle hatjagaz tapdym: «Sen ýaranjaň!» Men beýle ederler ýaly näme etdimkäm? diýip, Hudaýdan soradym. Ertesi men başga bir ýazgy tapdym: «Sen ýigrenji». Meniň olardan gaýtmagym olaryň abraýyna zeper ýetirendir we olar maňa gaharlanýandyr diýip men pikir etdim. Bir gezek men keltekçäniň jübüsinden ýene bir hatjagaz tapdym: «Iuda». Men agladym. Hanym Welç eşidip: — Doris, näme boldy? — diýip sorady. — Aý, bu hatjagazlaryň biri… — Sen näme diýmekçi bolýarsyň? — diýip ol gyzyklandy. Men düşündirmelerden gaçjak boldum. Ýöne doktoryň aýaly öz diýenini tutdy. Haçanda hemme hakykaty eşidende, ol örän gaharlandy we ýaşlar gurama bilen gepleşip, meniň öňki ýaşan maşgalamyň ýagdaýyny öwrenmegi tabşyrdy. Olar razy boldular. Barlagyň netijesini men hiç wagt bilmän galgym. Hanym Welçiň men barada aladasy meniň üçin ýakymly duýdansyzlykdy. Men kynçylyga düşenimde kimdir biriniň meniň arkamy çalýanlygy ilkinji gezekdi. Bu ony, dogrudan hem, tolgundyrýar diýip, men pikir etdim. Ýöne bu wakanyň ýakymsyz dowamy hem boldy. Soňra men hanym Welçe Mesihiň ägirtligi barada gürrüň berenimde, ol Hoş habary ret etdi. Sebäbi ol mesihilerden göwni galan ýerlerini ýatlady. Mysal üçin, meniň tapan hatjagazlarymy hem tutaryk edipdi. «Sen bir gör ahyry, mesihiler seni nätdiler!» diýip, ol ýatlady. Doktor meniň hepdäme 2 dollar 50 sent berýärdi we birinji gezek öz gazanjymy özüm galdyryp bilýärdim. Ak sugun derisinden tikilen köwüşler ol wagtlar örän ýörgünlidi we maňa-da iň owadan jübütini tapyp almagy maslahat berdiler. Oklendiň merkezindäki gowy dükanda olar 10 dollar 95 sent durýardylar, şonuň üçin hem ömrümde ilkinji söwdam bolan, sugun derisinden ak köwüşleri almak üçin pul ýygnaýardym. Ertesi gün 16 ýaşly mekdep çagalarynyň içinde iň gopbamsysy mendim. Meniň könelişen eşiklerim bilen täze köwşümiň arasynda gelşiksizligi duýsam-da, men özümi ýedi gat asmanda ýaly duýýardym. Welçlerde men bary-ýogy hyzmatkär bolsam-da, olar maňa hiç wagt görmedik söýgimi we ýagşylygymy edýärdiler. Olar hiç wagt meniň göwnüme degmeýärdiler, gaýtam meni goldaýardylar. Olar sabyrly bolup maňa öwredýärdiler. Hanym Welç maňa nädip öýi ýygnamagy we hojalyk ýöretmegi öwredýärdi. Ol Dunkan Faýf öý goşlarynyň hili barada, Spoudyň kümüş we farfor fabrigi barada maňa gürrüň berýärdi. Men bu zatlar hiç wagt özümde bolmasa-da, olary idetmegi öwrenesim gelýärdi. Welçler okamagy halaýardylar we olaryň kitaphanasyndan men hem peýdalanýardym. Şeýle hem olar klassik sazlary diňleýärdiler we ony maňa hem öwretdiler. Iň esasy hem, olar söýülýän maşgalanyň göreldesidiler. Men olaryň biri-biri bilen nähili gürleşip, nähili salamlaşýandyklaryny görýärdim. Hanym Welçiň nädip öz emýän gyzjagazyny läleleýşini, arlyjaklaryny çalyşyşyny we hüwdüleýşini görýärdim. Edil ol çaga seredişi ýalam, ol ejeleriň gyzlaryna öwredýän zatlaryny ýaltanman maňa öwredýärdi. «Doris, nädip enäniň öz çagasyny söýüp bilmeýänine men düşünip bilemok» diýip, ol ýygy-ýygydan aýdýardy. Hiç wagt men şeýle gürrüňlere howa bermezdim. Haçan men ömür arzuw edýän söýgümi görenimde meniň gözlerim ýaşarardy. Men ilkinji gezek Eje sözüne hormat goýup başladym. Men uzak wagtlap hiç wagt bolasym we meňzäsim gelmejek enäniň häsiýetini saýgardym. Indi men hanym Welçi görüp, nähili eje bolasym gelýändigine düşündim. Welçler örän işli adamlar bolsa-da, çagalar birinji ýerde durýardylar. Olar sagatlap olar bilen meşgullanyp okadýardylar. Gelenimden birnäçe aýdan soň men hanym Welçiň atasynyň suratyny çekdim. Ol oňa ýarady. «Doris, sen bu ýere gelip, köp oňat zatlary etdiň we men olara baha bermedim. Men seniň işleriňi oňat bahalaýaryn» diýdi. Men otagdan uçup gidermikäm diýdim. Maňa hanym Welç örän ýaraýardy we men hemişe ony synlap, şonuň ýaly ykjam we sypaýy bolmaga çalyşardym. Eger men oňat geýinsem ol maňa aýdardy. Men bolsam oňa meňzemäge çalyşardym. — Doris — bir gezek ol maňa ýüzlendi. — Men saňa nähili iň oňat maslahat bererkäm diýip pikir edýärdim. Men durkum bilen gulaga öwrüldim. — Ine şeýle: hemişe hanym bolmaga çalyş. Geň galmakdan men agzymy açdym. Sebäbi men nämedir bir sowatly zada garaşdym. — Seniň hanym bolmak nämedigini bilesiň gelýärmi? — diýip, ol dowam etdi. — Hawa, hanym. — Hanym hiç wagt özüni ýitirip, kadadan çykmaýar. Hemişe ýuwaş we arkaýyn gürleýär. Hemişe öz duýgularyny basym bilýär. Uzyn boýly, gelşikli hanym Welç hanyma mysalyň diri özüdi. Onuň maslahatlaryna eýermäge şunça çalyşsam-da, käwagt saklanyp bilmän gygyrardym. Entek mekdepde okaýarkam meniň ýigidim ýokdy, tutunjak hem bolamokdym. Men beýleki gyzjagazlar ýaly geýnip bilemokdym we öz öýümiň, maşgalamyň ýokdugyna utanýardym. Haçan hem bolsa ýigit tutunsam gowy bolardy, ýöne entek biraz daşyrak duranyň kem däl. Welçlerde ýaşap, Mukaddes Ýazgyny ýatlamagymy we Hudaýyň Sözüni öwrenmegimi dowam edýärdim. Hiç kim meni hökmanlamasa-da, men Hudaýy söýmegimi dowam edýärdim we Onuň bilen arany üzemokdym. Ol meniň ýeke-täk wepaly Dostum bolmagyna galýardy. Welçler maňa radio berdiler we men bar tapyp bilen mesihi gepleşiklerimi diňläp bilýärdim. Men Welçleriň öýünden az çakyrymlykda ýerleşýän mesihileriň Wagyzçy ybadathanasyna gatnap başladym. Geň ýaly görünse-de, men ol ýere Welçler daşa göçmänkäler, pyýada gatnaýardym. Soň men ýolumyň belli bölegini awtobusda geçip başladym. Ybadathanada ýaşlar üçin gulluk bolsa-da, men ol ýere baryp bilemokdym, sebäbi gaty daşda ýaşaýardym. Men doktoryň ýanynda işleýändigimi olara aýtsam-da, geçmişimi gürrüň bermezdim. Bir gezek men olara baranymda, olaryň bary rolik sürüp ýördüler. Men muny oňarmansoň, sanardan hem köp ýykyldym. Ýöne wagtymy örän gyzykly geçirdim. Men diňe gyzjagazlar bilen oýnadym, oglanlar ýokdular. Şeýle, men özümi has howpsuz duýýardym. Gutardyş agşamyna ýeke özüm gitmäge hyýallandym. Mekdebi gutarmak uly bir waka bolmansoň, uly dabarasyz hem oňsa boljakdy. — Dori — diýip, doktor Welç baýramçylyk agşamynyň öň ýany meni haýran galdyrdy. — Haçan agşam başlanýar? — Bu size nämä gerek? — Görmek üçin! Dori, biz baryp, seni görmek isleýäris — diýdi. Şol agşam meniň ýüregim takatsyz urundy. Ýüzlerçe adamlar haýal el çarpýardylar. Ýöne kimdir biri meniň üçin çarpýardy! Mekdepden soň maňa Kaliforniýa uniwersitetiniň sungat kollejine girmegi maslahat berdiler. Görsem, meniň suratçy bolmak arzuwym başa baraýjak ýalydy. Güýzde men ýygnan pullaryma çeperçilik fakultetinde okap başladym. Bu örän maňa ýarady. Her gün ýanym bilen 25 sent alýardym, 10-syny awtobusa harçlaýardym, ýene 15-i galýardy. Beýlekiler ýaly men hem ol puly elimde tutup bilýärdim. Haçan gyzlar limonad içmäge gidenlerinde, elimde pul bardygyny görkezmek üçin menem giderdim. Ýöne limonad almazdym. Men pulumy galam ýa-da sapaga gerek zatlary almaga ýygnaýardym. Welçlerde meniň esasy borçlarymyň biri iki çaga: oglanjyga we gyzjagaza seretmekdi. Oglanjyk men bulara gelensoň doguldy. Bu çagalar meni gowy görýärdiler, men bolsam olary. Haçan doktor aýaly bilen seminara gideninde, olar çagalary birnäçe günläp maňa ynanýardylar. Şeýle-de men Mariýany görüp gaýdyp bilýärdim. Onuň öý salgysyny maňa Makinler berdiler. Ol adamsy bilen San-Fransiskoda birinji gatda ýerleşýän kiçijik öýde ýaşaýardy. Ikimiziň mekdep meýdançasynda sataşanymyza bir ýyl geçipdi. Ol maňa geňirgendi we begendi. Onuň oňatja ogluna Norman diýen at goýupdyrlar. Biz bar täzeliklerimizi aýdyşyp, iki sagat çemesi gürleşdik. Mariýa ogluny elime alyp, onuň bilen oýnap başlasam, örän tolgundy. Gaýtmagymyň öň ýany men ýene bir gezek Isa Mesih hakda ýatladanymda, ol meniň sözümi bölüp: «Bu meniň üçin däl. Meniň ärim we çagam bar. Maňa Hudaý gerek däl» diýdi. Meniň jigim üçin ýüregim agyrýardy. Gaýtjak wagtym men oňa azyk alar ýaly pul galdyrdym. Olar örän garypdylar we meniň nädip hem bolsa kömek edesim gelýärdi. Men hanym Welçe meniň üçin Hudaýyň näçe zerurdygyny düşündirmäge çalyşdym. Ol doktor bilen hiç wagt ybadathana barmasalar-da, meniň bilen bu mowzukda gürleşýärdi. Ol hemişe şeýle netije çykarardy: «Dori, görýän welin, bu saňa kömek edýär. Seniň diniň seni goragly duýmagyňa kömek edýär. Eger-de seniň söýýän maşgalaň bolanda, dine söýenmek gerek hem bolmazdy. Meniň durmuşym şonsuz hem doly, söýgüli ärim we çagalarym — ine meniň ähli gerek zadym». Bir ýyl geçdi. Soň ýene biri. 19 ýaşymda Welçlerde ömürlik galyp bilmejegime düşünip başladym. Meni olar gowy görýärdi, men hem olary, ýaşamak hem gowudy. Ýöne käwagt şeýle sorag peýda bolýardy: men ömürlik hyzmatkär bolup galmagy isleýärinmi? Bir gezek doktoryň ýanyna kärdeşleri geleninde, aýallaryň biri men bilen hanym Welçiň işläp oturan ýerimize, aşhana geldi. «Görýän welin, Doris — örän gowy işgär. Eger haçandyr bir wagt ony ibermekçi bolsaňyz, onda meni habardar ediň!» Men şuny ol aýalyň maňa öwgi mysalynda aýdanyna düşündim we eýsem maňa öňümde diňe şu garaşýarmyka? Bir gezek myhmançylyga hanym Welçiň daýzasy geldi. Biz gürleşip başladyk. — Doris, sen bu işiňi taşlamaly — diýip, ol aýtdy. — Ýöne men olara gerek. Gitmek bilen olary öýkeledesim gelenok — diýip, men garşy boldum. — Olar öwrenişerler, mähribanym — diýip, akgöwünli garry meni ynandyrdy. Daýza men barada Welçler bilen gürleşmegi karar etdi. Men gorkdum. Eger Welçler maňa git diýseler, men nirä gideýin? Hanym Welç meniň ýanyma gözlerini ýaşlap gelip, olaryň meniň galmagymy isleýändiklerini, şol bir wagtyň özünde-de meniň azatdygymy, näme edesim gelse edibermelidigimi aýtdy. Hepdeläp näme etmelidigimi maslahat sorap dileg etdim. Bir gezek doktor meni özüniň: «Doris, hany seniň kakaň?» diýen soragy bilen geň galdyrdy. Meniň kellämde her hili pikirler aýlanýardy. Mümkin bir ýerlerde meniň hem kakam bolýandyr. Emma ol kim, nirede — bu barada hiç wagt pikirlenip hem görmändim. Birnäçe ýyl mundan ozal onuň Oklahomada, Talsada ýaşaýandygy barada bir gürrüň ýaýrady. Başga hiç zat bilemokdym. «Ol barada bilmäge synanşyp görerismi»? diýip, doktor Welç teklip etdi. Ol çaltlyk bilen basgançakdan ýokary çykyp başlady, men hem yzyna düşüp kabinete bardym. Goňur gönden edilen ýeňil oturgyçda oturyp, Talsanyň şäherara telefon nomerini aýlamaga başlady. Birnäçe sekuntdan ol aýtdy: — Salam, men lukman, meni jenap Dakwordyň ýaşaýan ýeri gyzyklandyrýar. Siziň salgy kitabyňyzda Dakwort barmy? — Jenap L. Dakwortmy? — dyngy aralaşdy. Meniň demim tutuldy. — Hawa, ol şu ýerde, Size nomer aýtmalymy? — diýen operatoryň sesi eşidildi. — Ýok. Men ýöne şonuň ol ýerde ýaşaýandygyny bilmek isledim. — Şeýle sözler bilen ol trubkany asdy. — Ine, meniň pikirimçe saňa kakaňy gözläp tapmagyň we oňa hat ýazmagyň gerek — diýip, doktor maslahat berdi. Şol gün agşam men ömür görmedik adamyma hat ýazyp, ondan meniň kakamdygyny ýa-da däldigini soradym. Men birazajyk özüm barada hem gürrüň berdim: çagalar öýünde nähili ýaşandygymy we ejemiň kim bolandygyny ýazdym. Soňra soňky bolup geçenleri gysgaça beýan etdim. Jemleýjide men ol barada köp pikir edendigimi, meni onuň nähilidigi gyzyklandyrýandygyny ýazdym. Hakykatdan hem, onuň meniň kakamdygy meni gyzyklandyrýardy. Telefon kompaniýasy maňa beýleki ştatlaryň salgy kitabyndan peýdalanmaga rugsat berdi. Men bukja jenap L. Dakwordyň salgysyny owadanlap ýazdym. Bu örän geň, diýip men pikir edýärdim. Belki, bu adam meniň kakam däldir? Emma men muny anyklap bilerin. Synanşanyňa degýär. Haty guta oklap, men Hudaýdan ony gerekli adama — meniň kakama ýetirmegini diledim. Sekizinji bap Jenap, siz meniň kakammy? Haty ugradyp, men ol barada az pikir etdim. Belki, jenap L. Dakwort meniň kakamam bolsa, ol maňa jogap bermez. Ol näçe ýyllaryň dowamynda meni tapjak hem bolmandyr. Näme üçin ol indi meni tapsyn? Iki hepde geçdi. Gapy kakylanda, doktor bilen aýaly uzyn, gyzyl agaçdan edilen stoluň başynda otyrdylar. Men aşhanadan we girelgeden geçip, agyr dubdan edilen gapyny açdym. Poçtaçy ýörite awiapoçta bilen gelen haty getiripdir. Welçlere gelýän poçtany alanymda, her gezek bolşy ýaly, gol çekip haty aldym. Aşhana barşyma hatyň daşynda öz adyma gözüm kaklyşdy. Men şeýle bir çirkin gygyrdym welin, doktor bilen aýaly stoluň başyndan turup maňa tarap ylgaşdylar. Biz aşhananyň kiçiräk gapysynda çaknyşdyk. — Dori, Hudaýyň haky üçin, näme boldy? — Men hat aldym! — diýip, hanymlaryň nähili özüni alyp barmalydygyny unudyp gygyrdym. — Hany, ony aç-da! — diýip, arkaýynlygy saklamaga çalyşýan doktor Welç aýtdy. Şol wagt men hatyň ugradylan salgysyna seredip, onuň jenap Dakwortdandygyna göz ýetirdim. Men galdyraýardym. Belki, men onuň göwnüne degerlik zatlary ýazandyryn. Belki, ol meniň kakamam däldir! Açyp okamagyň ýerine men doktor Welçden hatyň aşagyndaky goly görkezmegi haýyş etdim. Ol kagyzy beýlesine öwrüp, uly harplar bilen ýazylan ýazgyny görkezdi: KAKAŇ. «Kakam! Kakam!» — men bu sözleri ilki daşymdan, soň bolsa içimden gaýtalaýardym. Meniň duýgularym maňa eýgerdenokdy. Men ýokary, öz otagyma basgançakdan ylgap çykyp, gapyny ýapyp okamaga başladym. Dört sahypany gaýta-gaýta okaýardym, göz ýaşlarym şol ýaňakdan syrygyp durdy. Men şol sahypalary öwrenýärdim, derňeýärdim we ýat tutýardym. Ol meniň hatymy okap, zordan tolgunmagyny saklandygyny ýazýardy. Ony geçen günleriň ýatlamalary gurşap alypdy. Meniň ähli işlerimiň gül ýalydygyna ol guwanýardy. Iň soňunda bolsa, ýene hat ýazmagymy soraýardy. Ertesi güni ýörite eltýän awiapoçta bilen hat ugratdym. Meni görüp, ýüz dönderäýmesin diýen gorky bilen, suratymy ugratmaga bognum ysmady. Oňa hem surat ibermegini haýyş etmedim: eger men oňa meňzeş bolaýsam ömürboýy ony öz keşbim üçin günälemeli bolaryndan çekindim. Göwnüme bolmasa, bize diňe hat alyşmak gowy boljakdy. Bir gezek agşam naharyndan soň jaň geldi. Doktoryň ýoklugyndan, jaňlara men jogap bererdim. «Gaýrat ediň, Dorisi çagyryň» — diýen erkek adamyñ sesi eşidildi. — Ol mendirin — diýip, öz sözümiň dogrulygyna-däldigine üns bermän jogap berdim. — Doris, mähribanym. Elimden trubkany gaçyrdym. Hiç wagt maňa beýle sözleri aýtmandylar. — Doris, mähribanym, sen meni eşidýäňmi? Bu men, kakaň! Bu meniň öňde-soňda eşiden seslerimiň iň ýakymlysydy. Ýöne men gorkdum. Men duşuşmak üçin Birleşen Ştatlaryň ýarysyny geçip gelmegi haýyş edýän nätanyş bilen gürleşýärdim. — Ýok, kaka — diýip, garşy boldum. — Eger sen meni görseň, soň görmek islemersiň. — Samsyk bolma. Elbetde, islärin. Gowuja pikirlenip bolsa, ýoluň bir tarapyny tölejekdigini teklip etdi. Yzyna men gazanyp pul tapmalydym. Şol gije men garyşyk duýgularym bilen dileg edýärdim. Men kakamyň özümi görjegine diýseň şatdym. Ýöne meniň bu täze gatnaşyklarym meni Hudaýdan çetleşdirer diýip bolsa gorkýardym. Ýerdäki kakam bilen duşuşygyň şatlygy Ýokarky Kakam bilen gatnaşygyň öňüni tutarmyka? Birnäçe günden soň, meni görüp ol menden geçerinden gorkýandygymy bildim. Belki, ol meni görüp, menden ýüz öwürmez ýaly, meniň gitmezligim gerekdir. Ýöne gitmekdenem ýüz öwrüp bilmedim. Belki, ol meni oňat görer. Bu mümkinçilik Oklahoma gitmegime degýärdi. Sungat mekdebinde semestr gutarmanlygy üçin, men gitmegi hepde soňa süýşürdim. Gitmeziň öň ýany iň soňky gezek Mariýany görüp gaýtdym. Ýylyň dowamynda men ondan habar tutup durardym. Haçanda men kakamy tapandygymy, ony görmäge gitmekçidigimi aýdanymda, ol ýaňsy bilen: «Belki, bu saňa gerekdir, meni ol gyzyklandyrmaýar. Ol men hakda hiç wagt aladalanmady ahyry» diýdi. Men ony ynandyryp bilmedim. Onuň ýüreginde ýigrenç galypdy. Ahyry şol gün hem ýetip geldi. Awtobusa bilet alyp Talsa gitdim. Doktor bilen aýaly maňa köne çemedanyň daşyna kemer çekip berdiler. Olaryň gowulyklary arzuw etmekleri bilen men Kaliforniýany taşlap, uzak gündogara tarap ýörüşe ýola düşdüm. Awtobusda oturyp, men kakamy nädip tanajagymy oýlanyp başladym. Onuň bilen gürleşemde nähili reňkdäki köýnekde ýa-da jemperde boljagymy aýdyşmadym. Sebäbi ol meni kabul etmez diýip pikir edýärdim. Eger ol meni daşdan görüp, tanasa we halamasa, duýdurman dolanyp gidip biler. Şonuň üçin hem biri-birimizi nähili tanamak baradaky gürrüňden daşa durýardym. Maňa seredip, garaşyp durmak gerekdi. Ýol tükeniksiz ýaly göründi. Men hiç wagt öýden beýle daşa ýeke gidip göremokdym. Näçe ýakynlaşdygymyzça, şonça-da aladalanýardym. Duýgularym ahyrky çägine ýetipdi. Men gorkýardym we şatlanýardym! Hyryn-dykyn doly menzile girenimizde men iň owadan adamyny kakam diýip saýlanmaga karar etdim. Ötegçileri tirsekläp, özüme öter ýaly ýol ýasap, giň zaly seredişdirip başladym. Ol ýerde uzyn boýly, epeý, gara saçly adam kolonna söýenip durdy. Näçe ýakyn bardygymça, ol has üýtgeşik görünýän ýalydy. Men onuň deňine baryp çaltlyk bilen çemedanymy goýdum. Ýeterlik derejede gödegräk, şol bir wagtyň özünde sypaýylyk bilen göni gözlerine seredip soradym: — Jenap, siz meniň kakammy? — Hawa, öýdýän — diýip, ol ýaýdanyp jogap berdi. Soňam duýdansyz men onuň gujagyna doldum. Kakamyň gözleri çygjardy, men bolsa agladym. Öň meni hiç wagt şeýle gujaklamandylar. Biz orta we ýokary gurpdaky adamlaryň ýaşaýan ýeri bolan Arçe Strit etrabyna gitdik. Ol gyrkylyp bejerilen gök meýdançaly, güller oturdylan iki gatly jaýyň garşysynda saklandy. Meniň kakam emläk söwda işleri bilen meşgullanýar eken. Onuň işleri oňat gidýärdi we men muňa guwandym. Ol meni öz aýaly Blanş bilen tanyşdyrdy. Oňat tanyşamyzsoň olar maňa göçüp gelmegi teklip etdiler. Men razylaşdym. Geň zat, men birden özümi ynamly duýdum. Men hakykatdan hem bagtlydym. Kakam meni oňat görýän ýaly! Ol gowy adam bolup, geçmişde goýberen ýalňyşlyklaryny her hili ýol bilen düzetmäge çalyşýardy. Iki çagadan känbir halanmaýany bilmän meniň öň ykbalym bilen baglanyşmagyma we galan durmuşymyzy bile ýaşamaga synanyşmagyma ol haýran galdy. Ol meni dostlaryna gyzym diýip tanyşdyrýardy. Ol hiç wagt garyndaşlygymyzy gizlejek bolanokdy. Käwagt ol geçmişiň ýene gelenine gynanýan ýaly görünýärdi. Emma ol hiç bir gynançsyz, maňa ýagşylyk etmek isleýärdi we maňa suratkeşlik işini gözlemegi maslahat berdi. Duglas Erkraftyň kompaniýasyna suratçy gerek ekeni we men oňa dogry geldim. Binagär meýilnamany berýärdi we men desganyň bütewi gurluşynyň çyzgysyny çyzmaly bolýardym. Bu örän oňaýly işdi. Maňa kwadrat göwrümi boýunça töleýärdiler. Men bu dörtburçly daş özümiň geljekki hünärim diýip düşünýärdim. Men işdäki beýleki gyzlar bilen dostlukly gatnaşykda bolup, olar bilen bile naharlanmaga gidýärdim. Ýöne olaryň hiçisi bilen men ýakyn dost bolmadym. Men kakama duşanyma şeýle bir şatdym, beýleki tanyşlyklaryň meniň üçin manysy ýokdy. Onuň meni kabul etmegi meniň durmuşymda ägirt uly wakady. Men Talsda 2 ýyl ýaşadym. Şu geçen wagtyň içinde, men kakamdan ýekeje gezek geçmiş barada soradym. Näme üçin bizi çagalar öýüne berdiler? Kakam ol günleri göwünli-göwünsiz ýatlady welin, men bu ýerde tutanýerliligiň biziň gatnaşyklarymyza diňe zyýan getirjegini duýdum. Biz geçmişi ýatdan çykarmaly diýen karara geldik. Eger geçmiş hakdaky gürrüňler ýerliksiz bolsa, Hudaý hakdaky gürrüňler örän jaýdar bolaýmalydy. — Kaka — uzak pikirlenip, men ahyry aýtdym. — Şu ýere gelýänçäm mende ýekeje Dost bolupdy — diýip başladym. — Kim ol? — diýip, uly gyzyklanma bilen ol sorady. Men ýuwaşjadan entek çagalar öýündekäm Mesihe ynanmaga başlandygymy, hiç kim meni söýmese-de, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşanymy aýtdym. Kakam meniň sözümi bölüp, onuň dine we Hudaýa wagtynyň ýokdugyny aýtdy. Meniň üçin oňat bolan zatlar ony kanagatlandyrmaýardy. Ol bir söz hem diňlemek islemedi. Men ybadathana baryp, Hudaý bilen gatnaşygymy üzemokdym. Ýöne men muny kakam bilen paýlaşyp bilemokdym. Kakamda Hudaýa bolan gyzyklanmanyň ýoklugy ikimiziň aramyza haýat çekdi. Ol meniň bilen gowudy, gelmegimi oňlady we öz geçmiş ýalňyşyny düzetmäge çalyşýardy. Şol bir wagtyň özünde ol meni öz tarapyna çekip, durmuşyň dünýä ölçeglerine gabat getiriji taraplaryny kabul etmäge iterýärdi. Aralyk giňelip, göreş başlandy. Ol meniň näme üçin kino, tansa gitmeýänime we içmek islemeýänime düşünip bilenokdy. Meniň öňümde belli karara gelmek möhümligi dik boýna galdy: ýa-ha Hudaýa «hawa» diýip, kakamy goýmaly, ýa-da Hudaýa «ýok» diýip galmalydym. Saýlaw alyndy. Bir sorag meniñ kellämde aÿlanÿardy: seni hiç kim gowy görmeýärkä, Kim söýdi? Kakam meni çagalar öýünden gözlemedi. Ol ýeňil hem bolsa, bizi tapmakçy bolmady. Häzirki duşuşygyň hem men başlangyjydym. Meniň açlyga, iteklenmelere, urgulara çydam edýän wagtlarym meniň ýekeje Dostum — Hudaý bardy. Ol meniň hiç kimim ýokka, ýeke-täk Kakamdy. Ol ejemden ejir çekýän wagtlarym derdimi ýeňledip, garawçylaryň ezýetlerinden meni arassalykda alyp çykdy. Hudaý meniň üçin bulardan hem köp zatlary etdi. Men özümden ýüz öwren ýerdäki kakamy ýa-da söýgi bilen meni kabul eden Hudaýy saýlamalydym. Ýagdaý düşnükli hem bolsa, saýlamak ýönekeý bir iş däldi. Geçen 2 ýyl şatlyklardan doludy. Ilkinji gezek men özümi goragly we maşgalada ýaşaýan hökmünde duýýardym. Uzak garaşdyran azatlyk we işden kanagatlanmak özümden göwnüçökgünligi düzedip başlady. Men barybir Ýokarky Atamy saýlap aldym. Jikme-jik düşündirip durman, men kakama belli karara gelmek üçin Kaliforniýa dolanýandygymy aýtdym. Men oňa haçan hem bolsa dolanyp, oňa habar berjegimi aýtdym. Ol düşündirmegimi talap etmedi we gaýtarjak bolmady. Ol meniň ýolumy tutmady. Men agyr ýürek bilen Kaliforniýa geldim. Dokuzynjy bap Hudaý, Sen muny etmersiň! Men Kaliforniýa kämillik ýaşymda geldim, men indi 21 ýaşymda. Men suratçynyň hünärini edinmek isleýärin. Işlerim oňuna bolsa-da, men üznüksiz işleýärdim. Men Hudaýda öz durmuşymyň meýilnamasynyň bardygyny aňýardym. Ýöne ol meniň üçin gizlin syrdy. Doktor we hanym Welç meniň gaýdyp gelmegimi oňladylar. Olar meniň Talsda girdejili işimiň bolanyna begendiler, has dogrusy, geň galdylar. Olar maňa iş üçin Oklendiň çetindäki Emerwilläniň Moor Business Forms agentligine ýüz tutmagy maslahat berdiler. Maňa binagärleriň meýilnamalarynyň çyzgysyny çyzmagy tabşyrdylar. Öz goşlarymy men iş ýerime golaýda ýerleşýän Gök üçburçlyk myhmanhanasyna getirdim. Men özüme nahar taýýarlap, kir ýuwup, içerini ýygnap, onuň üçin pul töleýärdim. Ilkinji gezek men, Doris Dakwort, öz dünýämde ýeke galýardym. Ýöne bu meni kanagatlandyrmaýardy. Hudaý maňa Özüne we Öz meýilnamalaryna doly ynanmagymy ündeýärdi. Men bu bolan zatlardan soň Ol meniň suratçy bolmagymy islemez diýip gorkýardym. Çeper surat — bu meniň ýeke-täk hünärimdi. Hudaýym, men başga hiç zat oňaramok diýip, men Ony ynandyrmaga çalyşýardym. Şonuň bilen birlikde bir hünärden Hudaý meni dyndarar diýip umyt edýärdim — bu Hoş habarçylyk gullugydy. Meniň oňa bolan erbet gatnaşygym çagalar öýünden Hoş habar ybadathanasyna gatnaýan döwrümde döredi. Şol wagtlar ýygnakda men Hoş habarçylar — bular serhetden daşa zyňylanlar, Amerikada öz mynasyp derejesini tapmadyklar diýen netijä geldim. Olar gürläp başlanlarynda guran garaly kişdesi ýaly görünýärdiler. Olar hem men ýaly ýaramaz görünýärler diýip, men karar etdim. Şeýle hem Hoş habarçylaryň edil meniň ýaly oňaýlylygy ýokdy we bu nädogry bolup görünýärdi. Hemmeden beter meniň Hoş habarçy bolup görünesim gelenokdy, şonuň ýala durmuşa çykmak has beter. Hoş habarçylarda işlemek — bu ikinji ähmiýetli dinilere goşulmakdyr, onuň bilen nikalaşmak bolsa bütin ömrüňi görnüşde geçirmekdir diýip, men piker edýärdim. Hoş habarçy Haýman Appelman Oklendiň Raýatlyk ýygnagynda wagyz-nesihat etdi. Şol gije ol sözlerini şeýle tamamlady: «Bu näme boldugy: ýene bir tans, ýene bir oturylyşyk, onsoň men Hudaýa ynanaryn?» Şol wagt ol meniň pikirimi okaýan ýaly bolup göründi. Men Kaliforniýa Hudaýa doly gulluk etmek üçin dolandym, ýöne men ýene bir «oturylyşygy» ýa-da Hudaýyň maňa sungat bilen meşgullanmaga rugsat berýändigine ynamy isleýärdim. Häzir bolsa Hudaý meni basdy. Dogrudanam, men öz durmuşymy gürrüňsiz we dolulygyna Oňa bagyş edýärinmi? Çagyryş bolanynda, men öňe çykyp, öz meýilnamalaryma «ýok», Hudaýa «hawa» diýdim. Şol kararym ak ýürekden hem bolsa doly däldi. Men Hudaý maňa Hoş habarçylyk hereketine goşmakdan we wagyz-nesihatçy bilen nikalaşmakdan başga ähli zady edip biler diýdim. Birnäçe hepdeden soň Hoş Habar ybadathanasynda Hoş habarçylaryň ýygnagy boldy. Dynç güni irden ybadathananyň agzalarynyň wekiliýeti San-Fransiskonyň portuna «Gripsholm» gämisinde gelen Hoş habarçylary garşy almak üçin ugradylar. Gelenler ybadathana edil irki gullugyň başlarynda geldiler. Olar entegem Gyzyl Hajyň kurtkasynda we krossowkalydylar. Olar edil meniň ýadymda galan Hoş habarçylar ýaly erbet görünýärdiler. Meniň olaryň garşysyna bolan düşünjäm has hem berkedi. Şol gün irden çykyş edenleriň arasynda Täze Gwineýadaky ýapon obalaryndan dolanan Darlin Deýbler bardy. Pirl-Harbora çozulandan soň ýapon goşunlary niderlandiýalaryň Ost-Indiýasyna girip, Hoş habarçylaryň altysyny öldüripdirler. Hökümet işgäri, Hoş habarçy doktor Robert Jeffreý we onuň aýaly bilen birlikde ýaş çatynjalar — Çarlz we Darlin Deýbler syýasy kowulmadan dynmak üçin şypajaýa gidipdiler. 1942-nji ýylyň 13-nji martynda ýaponlar Hoş habarçylary tutdular we olary polisiýa öwzarynda gulplap goýdular. Soňra düşnüksiz sebäplere görä doktor Jeffreýi we aýallary boşatdylar, Darliniň adamsy Çarlzy bolsa konslagere iberdiler. Ol şol ýerde gynamalardan, çüýrän iýmitlerden we kesellerden soň 1942-nji ýylyň 29-njy awgustynda öldi. Ýüz çakyrymlykda öwzarda saklanylýan Darlin 2 aýlap äriniň ölümini bilmedi. Gabawdakylaryň biri ol habar bilen onuň mazarynyň galamda çyzylan çyzgysyny getirdi. Ol hemme zadyny ýitirdi. Emlägi ýok edilipdi. Hatda partlak oklananda gara köýük bolan nika haty Darlin ony eline alanyndan, dargap gitdi. Häzir ol hyryn-dykyn doly ybadathananyň oňünde durdy. «Ýaşlar, Hudaýa gulluk etmek meniň bar zadyma durdy» — diýip, ol başlady. Ol biraz dymyp, sozüni dowam etdi: «Isa Mesih hatyrasyna men bu ýoly ýene bir gezek geçip biljek». Ol ýuwaşja oturdy. Meniň oň ýanymda oturan erkek kişi gözýaşyny saklap bilmän içigip aglady. Men kimdir biriniň meniň egnime kakýandygyny duýdum. Yzymda iki aýal otyrdy we maňa olaryn biri öňe egilen ýaly bolup göründi. Ýöne men olaryň gymyldamadygyny bildim. Edil şol wagt men özüme Hudaýyň el degirendigini bildim. Hudaý! Sen beýle edip bilmersiň! Sen meniň durmuşymy bozma! Sen menden olardan biri bolmagymy haýyş etme! Meniň maksatlarym bar. Emma Hudaýy yrmak ýa-da onuň diýenini ret etmek bolmaýar. Ol maňa ýüz tutany üçin, onuň Darlin Deýbleriň aýdyp beren ýurdunda, Täze Gwineýada, Hoş habarçy bolmak isleýändigini bildim. Ýygnakdan soň men aşak dileg otagyna girip, bolup geçenleri ölçerip dökmage gitdim. Hawa, Seniň adyň bilen, Isa, men muny ederin. Bu aňk ediji karardy. Men yhlas bilen diňleýärdim: «Hudaýym, maňa ikirjeňlenmämi ýeňip geçmäge kömek et. Seniň men bilen gürleşýändigiňe meni ynandyr. Men hakykatdan hem Seniň bilen gürleşýändigime ynandyr. Men bu kararyň diňe duýgulara esaslanan bolmagyny islämok». Şol agşam Pol Rud jemleýji wagyz bilen çykyş etdi. Ol öz gürrüňini ýerdäki öz atasyndan arasyny üzüp bilmäni üçin Hoş habarçylar bolmakdan ýüz öwüren gyzjagaz hakdaky gürrüň bilen jemledi. Eýsem kimdir biri oňa men barada gürrün beräýdimikä? Onuň aýdyşy dolulygyna meniň ykbalym bilen gabat gelýärdi! Meniň atam käbir ýetmezçiliklerine seretmezden, dolulygyna mana degişlidi, men bolsam oňa. Belki men hem bu gatnaşygy üzüp bilmerin. Doktor Ruduň jemleýji çykyşy aýgytly boldy. Hudaý maňa irki gullukda dogry düşünendigimi aýtdy: Ol meniň Täze Gwineýa gitmegimi isleýärdi. Şol gije men suwa çümdürilmek üçin howdanyň ‎‎‎‎‎ỳanyna baranymda, Darlin Deýbler dyzyna galyp, meni gujaklady: biz bile suwa çümdürildik we men söz berdim: «Hudaýym, men giderin». Ýygnakdan birnäçe gün geçensoň, Darlin maňa ha‎ýyş bilen ‎yüz tutdy. Ol meniň suratkeşdigimi eşidip, özi üçin gymmatly bir suraty göçürip bermegimi haýyş etdi. Ol gutlag haty ölçegindäki kagyz bölegini maňa berdi. Ol köp açylyp-ýapylyp ýyrtylara gelipdir. Öz otagymdaky stolda rejeli goýup seredenimde, men onuň yer tümmeginiň galam çyzgysydygyna, haçda «Çarlz Rassel Deýbler» diýip ýazylandygyny gördüm. Aşagynda golland dilinde: «Huda‎ý gowulary alýar» diýen ýazgy bardy. Çyzgy Çarlzyň hyzmatynyň netijesinde Mesihe gelen, onuň bilen lagerde bile bolan ýaş erkek kişi tarapyndan çyzylandy. Ol Çarlzyň mazarynyň çyzgysyny çyzyp, Darline beripdir. Mazar doňuz ýatakda ýerleşýärdi. Men işe gerek ähli esbaplarymy taýýarlap, her bir çyzygy dogry çekmegim üçin Hudaýa dileg etdim. Hudaý seslenip, menden Hoş habarçy bolup, Täze Gwineýa gitmäge taýýarlygymy sorady. Hudaý, men onuň ýerini tutup bilmerin, Ol jebir çekipdir. «Onuň ýerini tutmagyňy soramak, onuň ýoly bilen gitmegiňi isleýärin». Şol wagtdan soň men Hoş habarçylyk gullugyna taýýarlanyp başladym. Minnesotadaky Sent — Polda mesihileriň we Hoş habarçylaryň birleşiginiň Injil kolleji bolup, oňa meniň hem giresim gelýärdi. Oňa taýýarlanmak bilen Darline has ýakynlaşdym. Ol ýygy-ýygydan beýleki şäherlere gulluga gidýän hem bolsa, men bu dostlugy mäkäm saklaýardym. Ol menden on iki ýaş uludy we ol men barada ýönekeý bir Hoş habarçy däl-de, ýürekden aladalanýandygyny bilýärdim. Bir gezek Darlin we ejesi meniň kiçijik otagyma geldiler. — Doris, sen bize göçüp gelersiň — diýip, olar habar berdiler. Artykmaç bir söz hem aýtman, meniň goşlarymy ýygnap başladylar. Haçanda biz gelenimizde, Darliniň ejesi: «Kakasy, Dora gelen netijäňi düşündir» diýdi. — Şu günden başlap, biz saňa jenap we hanym Mak Intoç däl. Biz saňa eje we kaka Mak — diýip, ol aýtdy. Meniň demim tutuldy. Meni hem biri saýlady! Ahyrsoňy, ýigrimi bir ýaşymda, men hem birine gerek boldum. Biz Darlin ikimiz bile ýatýardyk we gowy jora bolduk. Ahyrsoňy men oňa ähli başdan geçirenlerimi bolşy ýaly gürrüň berdim. Mak eje bilen kakalarda ýaşap, men ejem barada ýene bir zatlara göz ýetirdim: ol uly dermanhananyň kafesinde hyzmatkär bolup işläpdir. Soňky gezek görşenimize bäş ýyl bolan hem bolsa, men onuň bilen görüşmek islemeýärdim. Emma Darlin meni ejem bilen ýene bir gezek görüşmäge yrdy. Onuň tutanýerliligi meniň garşylygymy ýeňip geçdi. «Eger men seniň bilen gitsem gidermiň?» diýip, ol sorady. Men ýanyna baryp salamlaşman, uzakdan görüp gaýtmak şerti bilen razy boldum. Biz içinde hyzmat edilerine garaşýan aýallaryň oturan ýerine — kafeterä dermanhananyň uzyn dükanlaryny syryp gitdik. Biz dükanlaryň biriniň ýanynda ýuwaşja durduk. Ine-de ejem göründi. Darlin: «Gürleşjekmi?» — diýip pyşyrdady. Men «Ýok« diýip jogap berdim. Şol wagt men birden öňe çykyp, «Salam, eje!» diýsem, näme bolarka diýip pikir etdim. Ýöne meni duýgularym saklady. Baryp gujaklamak höwesim ýitip gitdi. Men öýke saklamokdym, ýöne men onuň ýene-de menden geçjegini bilýärdim we muny islemeýärdim. Men oňa edil geçmişime ser salýan ýaly, üç-dört minutlap seredip durdum. Edil deňiz tolkunlarynyň kenara urşy ýaly, ýatlamalar yzly-yzyna gelip durdy. Meniň ejem edil öňümde dur. Meniň geçmişim başgaça hem bolup bilerdi diýip, men pikir etdim. Ol ýylgyrýardy. Belki oňa işi ýaraýandyr. Nirelerdedir bir ýerlerde gyzynyň bardygy ony tolgundyranokdy. Hakykat hyýallarymy döwdi. Men näçe islesem-de, geçmişi üýtgedip bolanokdy. Hudaýyň meniň geljegimi meýilnamalaşdyrandygyny bilýärdim, ýöne men öňe diňe geçmişimi taşlap gidip biljekdim. Maňa bütin geçmişimiň rehimsizligini duýmak we ony Mesihiň ganyna bermegim gerekdi. Şol ýerde durup, men geçmişimden el üzmegimi karar etdim. Men öňe gitmäge taýýardym. Darlin meniň elimden tutdy we biz öwrülip gaýtdyk. Bu meniň ejemi iň soňky gezek görşümdi. Men maşynda on-on bäş minut dymyp oturdym. Men gepleşerden ýa-da aglardan has täsirlenipdim. Kabul etmezligiň agysyny duýsamda, öýkäm ýokdy. Hudaý meni ondan halas etdi. Men Onuň meni söýjegine we gelejegime ýol görkezjekdigine ynamym bardy. Minnesota gitmänkäm, maňa ýene bir meseläni çözmegim gerekdi. Men kakama Hoş habarçy boljagym barada aýtmalydym. Meniň özüm baryp oňa aýtmagy karar etdim. Haçanda ugramaly bolanymda, Darlin, ejesi we Mak kaka meni ugratmaga geldiler. Hoşlaşyp, olar maňa şeýle diýdiler: «Eger sen ýekesiräp, ejeň we kakaň gerek bolaýsa, ýatda sakla, biz şu ýerdediris». Onunjy bap Sen meniň gyzym däl Talsa golaý geldigimçe, meniň tolgunmam artdy. Men gidenimden soň on aý geçipdir. Meniň durmuşymda haýsy hem bolsa bir peýdaly zat etmegi karar edenimi eşidip, kakam guwanar diýip göz öňüme getirýärdim. Ol meniň Hudaýa bolan söýgime goşulyşmasa-da, meniň bagtyma we şatlygyma goşulyşar diýip hasaplaýardym. Kakamyň öýüne gitmek üçin men duralgada taksi sakladym. Men gelip ýetmegime sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Sürüji bilen çalt hasaplaşyp, çemedany kakyp alyp, maşyndan böküp düşdüm we ýodajyk bilen ylgap bardym. Kakam gapyda oturan ekeni. Meni tanap, ýuwaşjadan ornundan galdy we maňa tarap ugrady. Çemedany gapdala goýup, men ony gujaklamaga topuldym. — Kaka! — Salam, mähribanym! — ol maňa elini uzatdy we biz gujaklaşdyk. Kakam horlanan we näsaglan ýaly göründi. Men onuň ýürek agyrysynyň bardygyny bilýärdim, şonuň üçin hem ol özüni erbet duýýardy. Kakam ýuwaşjadan hiňňildik oturgyjynda oturdy. Men onuň golaýynda oturanymdan soň, ol meniň işlerimi we gidiş-gelişimi sorady. Soň onuň keýpi üýtgedi we ol pikirlenip oturdy. — Dori, — ol ýuwaşja aýtdy. — Bütin ömrümde maňa ýaşamaga kömek eden pelsepäm bardy. Emma, — ol dymdy, gerekli sözleri gözläp. — Sen bilýärmiň, meniň ölmegime kömek eder ýaly indi mende pelsepe ýok. Men bolsa ölýärin. Meniň demim tutuldy. Men Hudaýyň onuň ýüregini ýumşadyp, oňa Mesihi görkezsin diýip dileg edýärdim. Belki, meniň dileglerim jogapsyz galmaz. Meniň ýüregim söýgüden we gaýgydan ýarylyp gelýärdi. Men kakam bilen özümiň bilýän ähli oňat habarlarymy paýlaşdym. — Kaka, bizi ölüme taýýarlap biljek diňe Mesihdir, sen hem Oňa ynanyp bilersiň. — Ýok! Men Oňa sag wagtymda ynanmadym, häzir hem ynanasym gelenok. — Kaka, — men oňa ýalbardym, — kaka, sen Oňa edil häzir ynanyp bilersiň. — Ýok, Doris, ýok! Men öz gulaklaryma ynanman dymdym. Meniň başym aýlanýardy, ýöne men dowam etmelidim. — Kaka, men saňa Hoş habarçy bolandygymy, Hudaýyň meni Mesih barada başgalara gürrüň bererim ýaly Täze Gwineýa iberýändigini aýtmaga geldim. Şu güýzde men Injil mekdebine okuwa girýärin. Özüni nähili erbet duýýan hem bolsa, kakam ýerinden turdy, onuň gözleri meniň duşumdan geçip, nirädir bir ýere seredýärdi. Soň ol ters bakdy. — Eger sen dogrudan hem şeýle etmekçi bolsaň, goşuňy çözme. Häziriň özünde taksi çagyr-da, yzyňa ugra. Şu wagtdan beýläk, sen meniň gyzym däl! — Kaka, sen beýle diýjek bolmadyň! — Ýok, şeýle diýjek boldum. Meniň indi seni göresim hem gelenok. Ýüregim takatsyz urnup, aýaklarym meni zordan saklaýardy. Bokurdagyma bir zatlar tegek boldy. Gözýaşlarym gözümi tutsa-da, men olary ýeňmäge çalyşdym. Men oňa ýalňyş düşünendirin diýip ynanýardym. Ýöne kakamyň sesindäki aýgytlylyk meni gorkuzdy. Başga aýdara zat ýokdy. Men ýuwaşjadan ynamsyz ädimläp, gapa ýönelenimde, kakam öz goýberen elhenç ýalňyşyna düşünip, meni saklar öýtdüm. Ýöne ol gymyldamadam. Men öýe girip, telefon boýunça taksi çagyrdym. Yzyma dolananymda, kakam öňküsi ýaly basgançakda ters bakyp dymyp durdy. Men baryp, ony gujaklamakçy boldum, emma ol yza süýşdi. — Kaka, men seni barybir gowy görýärin. Ol jogap bermedi. Dolanyp seretmedi hem. Bir minutdan jaýyň öňüne taksi gelip saklandy. Men goşumy alyp, yzky oturgyçda oturdym. Maşyn ugrady, kakam şol köçä ters bakyp durşuna galdy. Bu meniň kakamy dirilikde iň soňky gezek görşümdi. Talsdan Kaliforniýa barýan otlynyň aýnalaryna ýagyş gelip urýardy. Meniň ýüregimde ýatan garaňkylygy gara asman we tümlük has hem agyrlaşdyrýardy. Tigirleriň tyrkyldysy maňa şu sözleri gaýtalaýardy: Sen ýene ýeke, sen ýene ýeke, sen ýene ýeke. Ezilen el ýaglygym bilen gözlerimi süpürip, möňňürip agladym. Sähelçe pursadyň içinde men, dogrudan hem, ýeke galan ýaly göründim. Men bu ýere gelmegimi, kakamy görmegimi dileg edipdim, indi bolsa bary gutardy. Hudaý, ol meni gowy görýän ýeke-täk adamdy. Ol nädip beýle edip bildi? Kakam meni aýgytly we gaýduwsyz ret etdi. Iň erbet ýeri ol iň soňky gezek Mesihi hem aýgytly ret etdi. Hudaýyň meni taşlamandygyny ýatlamak üçin maňa belki bir sagat gerek bolandyr. Meniň aňyma bir wagtlar ýat tutan aýadym geldi: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn». «Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» (Ýewreýler 13:5-6). Şeýle-de men Rimlilere ýüzlenmedäki bölekleri ýadyma saldym 8:38-39: «Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çunlugyň, ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn». Şol pursat Hudaýyň söýgüsi meni köşeşdirdi. Ýok, men ýeke däldim, ýeke bolmadym. Ejem meni dogranyna puşman etdi, kakamy meniň nädip ulalаndygym tolgundyrmady, indi bolsa ol menden geçdi. Diňe ýekeje Dostum menden ýüz öwürmedi — Isa Mesih! Kimdir biri şeýle diýipdi: «Eger sizde Hudaýdan başga zat galmasa, siz munuň ýeterlikdigine düşünersiňiz». Hiç kime gerek däl wagtymda hem Hudaý ýanymda durupdy. Ol menden häzir hem ýüz öwrenokdy. Ol meniň iýip barýan ýürek ýaralarymy ýok etmäge çalyşýardy. On birinji bap Esgerler gelýärler Sent-Poldaky Injil kollejiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň gyzlary üçin 1946-njy ýylyň Sentýabr aýynda tijenmäge bahana tapyldy. Uruşdan owadan, ýaş ýigitler dolanyp gelýärdiler. Olaryň köpüsi güýzde okamaga başlamakçydylar. Olaryň biri aýratyn gyzyklanma döredýärdi: uzyn boýly, gara saçly, tehas äheňinde gürleşýärdi. — Garaşyberiň, haýsy hem bolsa bir gyz ony duşaklar — diýip, harbylaryň hyrydarlarynyň jedeli gidýän wagty men aýtdym. Sadalygym we özüme göwnüýetmezligiň özümden aýtmalarymy özümiň ýerine ýetirjegim barada pikir etmäge hem goýmaýardy. Ýöne geň zat bolup geçdi. Lloýd Wan Stoun Tehasda, Hýustonda doguldy we ösdi. Onuň atasy kiçeňräk azyk dükanyna eýe bolup, depressiýa wagtynda çökdi. Soň ol uzakly gün konditer kärhanasynda işleýärdi. Ýygy-ýygydan onuň iş güni gije sagat ikide başlap, giç sagat bäşde gutarýardy. Lloýduň ene-atasy hakykatçy, ýokary terbiýeli işçiler bolup, mesihi däldiler. Haçanda Lloýd 15 ýaşyndaka daýysy Gerbert ony oglanlar üçin bolan Injil klubuna çagyrdy. Klubuň işi hepdede bir gezek Gerbert daýynyň öýünde geçirilýärdi. Şondan tiz wagtdan soň mesihileriň we Hoş habarçylar birleşiginiň ybadathanasynda Hoş habarçylaryň gurultaýy boldy. Lloýduň doganoglany oňa bardy we mesihi boldy. Ol Lloýda halas bolmaklygy edinendigini aýtdy. Lloýd halas bolmaklygyň nämedigine düşünmedi. Ol Jon derýa gaçandyr we ony kimdir biri halas edendir diýip pikir etdi. Ybadathana Injil mugallymy P.R. Haýd geleninde, Lloýd ýygnaga çytyk duýgulary bilen geldi. Üçünji duşuşykda Haýd Mesihe ýürek açmagy teklip etdi. Yzynda oturan aýal Lloýduň egnine elini goýup: «Oglum sen halasmyň?« diýip sorady. — Hawa — diýip, Lloýd utanyp jogap berdi. Ol ýalan sözledi. Haçanda ruhany elinden tutup, şol soragy bereninde, diwara söýenip galdy. Hudaýdan gaçmakdan ýadap, şol gün agşam ol Mesihe edil Halasgäri ýaly ynandy. Birnäçe ýyl geçdi. Lloýd ýaşlaryň topary bilen Nýaga, Nýu-Ýorka Hoş habarçylaryň gurultaýyna iberildi. Doktor Ternbolu Hoş habarçylar gullugyna Boreno diýen ýere çagyrdy. Şol gün Lloýd Hudaýa dünýäniň islendik künjüne Hoş habary gürrüň bermäge gitmäge söz berdi. 1943-nji ýylda Lloýd Ýuwaş okean frontunyň birinji aňtaýjy batalýonyna ýazyldy. Täze alnanlara olary nirä alyp barýandyklaryny aýtmadylar. Lloýd Hindistana ýa-da Birma barýandyrys diýip pikir etdi. Emma bu Täze Gwineýanyň demirgazyk kenarydy. Baza Admiralteýsk adalarynda ýerleşýärdi. Haçanda Lloýd uzyn daralmadyk saçly başga ýurtlulary görende, näme üçin esgerleriň olary «fazi-wazi« (tüýlek aýyjyk) diýip atlandyrýandyklaryna düşündi. Ol örän geň galdy we öz gezegine nädip Hoş habarçylaryň ýabany adamlaryň arasynda ýaşap bilýändiklerine düşünmedi. Olar hapa, nadan we ýabanydylar. Haçanda uruş gutaranda, Lloýd bu ýurdy taşlap gidýändigine örän begendi we gaýdyp görmerin diýip umyt edipti. Ýöne Hudaýyň başga meýilnamalary bardy. Tehasda, Arlingtonda gurulan lagerde 1946-njy ýylyň iýunynda Lloýd boş palatkada suwa çümdürildi. «Ine, şonda — ol gürrüň berýärdi — Hudaý meniň Hoş habarçy bolup Täze Gwineýa gidýänimi sorady. Men razylaşdym». Şeýdip, 1946-njy ýylda Lloýd hem, men hem Mukaddes Pawlusyň Injil kollejiniň biriji kursuna girdik. Biz ýylyň başyndan bäri biri-birimizi tanasak-da, ýanwardan öwrenişip başladyk. Bizi dünýä Hoş habarçylarynyň şäher gurultaýyna çykyşlary etmäge saýladylar we mugallym çykyşlary bile taýýarlamagy maslahat berdi. Biz bu oňat teklibe razylaşdyk. Bir gezek Lloýduň düýşüne maňa öýlenendigi giripdir. Ol azardan gorksa-da, derrew meni duşuşyga çagyrmagy karar etdi. — Dori — diýip, ol başlady. — Gel, şu gün agşam kafe gideli. — Örän ajaýyp — diýip, men öz begenjimi gizlemäge çalşyp jogap berdim. Bu meniň ilkinji duşuşygymdygyny ýadyma saldym. — Men sagat ýedide saňa zalda garaşaryn — diýip Lloýd gitdi. Ilki men hiç kime onuň çagyranyny aýtmadym. Men kimdir biriniň «Hm, senimi?» diýip, ýaňsylaryndan gorkýardym. Öz eşiklerimi gözden geçirip, iň gowy görünýänim diýip, gök ýubka bile açyk gök üstköýnegi wajyp waka geýip gitmek üçin saýladym. Ýedä bäş minut galanda men entek hem otagymda özümi bejerişdirýärdim. — Dori, seniň ýigidiň bu ýerde — diýip, aşakdan gyzlaryň biri gygyrdy. Eý Hudaý, saňa biri garaşsa, nähili ýakymly! Men Minnesotanyň gyş şuwlaýan köçesinde taýyp ýykylyp, samsyklyk görünmekden gorkdum. Men Lloýduň el tutuşyp gitmek teklibine diýseň begendim. Biz kafede biri-birimiziň garşymyzda oturyp gürleşýärdik we köp manyly seredişýärdik. Biri-birimize ketçup berenimizde el degireris diýip umyt edýärdim. Biz mekdep barada, tomusky meýilnamalarymyz barada gürleşýärdik. Ol öz öýi barada gürrüň berdi. Men Oklendde ösüşim, doktoryň ýanynda işleýşim, sungat mekdebinde okanym barada gürrüň berdim. Men ondan giňişleýin soramadygy üçin minnetdar boldum. Uzak gürrüňden soň biz yzymyza dolandyk. Gije aý aýdyňdy, ýyldyzlar ýagty ýanýardylar. Ol meniň elimden tutup, Uly aýy ýyldyzy gözlemäge başlady. Eýsem, şu maňa zerur ýetmeýän zatmyka? Bu ajaýyp! Biz umumy ýaşaýyş jaýyna gapy ýapylandan soň geldik. Şonuň üçin garawula bizi açyp goýbermek gerek boldy. «Men siziň nirede bolanyňyzy bilýärin — diýip, ol degişip başlady. — Men kafede satylýan gamburgeriň soganynyň ysyny duýýaryn». Biz gülüşdik. Lloýd maňa öwrülip sorady: — Men ýene bir duşuşyga garaşyp bilerinmi? — Elbetde. — Bolýar, Porsuja! Men hem jogap berdim: — Gijäň rahat bolsun, Porsuja. Şondan bäri biz biri-birimizi şeýle atlandyrýardyk. Men hemişe gutlag hatlara şeýle ýazýardym: Porsuja, MSNS. Bu biziň kodumyz bolup, şeýle düşündirilýärdi: «Men seni nähili söýýärin». Bir gezek wahtada hiç kim ýokka, Lloýd meniň yzymdan umumy ýaşaýyş jaýyma giripdir. Ol geçelgä gelip, aýdyma gygyrdy: «Men Porsujany çagyrýan! Sen taýýarmy?» Hemme gapylar açyldy. Men ýere girmäge taýýardym. Ýöne ol ýüzi-gözüni oýnadyp durşuna maňa garaşýardy. Okuw ýylynyň ahyryna çenli biziň dostlugymyz berkedi. Tomus dynç alyşa gidenimizde, biz biri-birimize hat ýazmaklygy wadalaşdyk. Men kollejiň dekany doktor Ştrom we gyzlar topary bilen gezelenje gitdik. Gyzlaryň dörtlügi aýdym aýtmalydy, men bolsam Hoş habarçy bolup gulluga taýýarlanýanlaryň öňünde talyplaryň adyndan çykyş etmelidim. Lloýd mesihiçilik gullugyny Ozarksda ýerine ýetirýärdi. Biz birsyhly hat alşyp, öz pikirlerimizi bölüşýärdik we geçiren ýygnaklarymyzy aýdyşýardyk. Öz hatlarynda Lloýd yza öz salgysynyň deregine Uly Aýynyň susagyny çekip goýýardy. Tomusky iň soňky hatynda ol şeýle ýazypdy: «Men özümiz barada pikir etdim. Haçan dolanjagyňda maňa habar et. Men seni beketde garşylaryn». Elbetde, Lloýd meni demirýol wokzalynda garşylady. «Men onuň haçan meni ogşaryna garaşyp bilmerin» diýip , men otly saklanýarka pikir etdim. Ýene birnäçe sekuntdan men onuň gujagynda peýda boldum. «Bu meniň göz öňüme getirişim ýaly ýakymly» diýip, men pikir etdim. Kolleje barýan ýolda biz şaý-sep dükanynyň üstünden geçdik. — Gel, girip göreli. Meniň saňa ýüzük alasym gelýär. Duýman durkam aýdylansoň, men eşidenime ynanman, oňa seredenimde, ol gulagyma ýakymly üç sözi pyşyrdady: «Men seni söýýärin». Soň ýene meni ogşady. Kolleje dolanyp, men gyzlaryň umumy ýaşaýyş jaýyna ylgadym. Emma men girip, özümiň bütin tomus görmedik joralaryma görnüp bilmedim: men aglaýardym. Olar bolsa düşündiriş talap ederler. Şonuň üçin hem men ýük goýulýan ýere girip, çemedan torbalaryň aňyrsynda gizlenip, çyrajygy ýakdym. Men dileg etmäge başladym we çen bilen Injili açyp: «Hudaýym, Sen şeýle ýuka ýürek, hatda meni hem erkek söýer ýaly etdiň. Oňa meniň owadan däldigim hiç tapawut edenok. Ol ýöne meni söýýär. Bu hakykat bolardan has gowy». Çyra şöhlesi açyk Injile düşdi. Men gözlerimi aşak etdim. Geň galmak bilen aşakdaky Mattanyň Hoş habaryndaky aýadyny okadym: «Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar. Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar». Bütin indiki okuw ýylynyň dowamynda biz bile has köpräk bolmaga çalyşdyk we ikimizi Hudaýyň duşuranyna göz ýetirdik. Täze ýyl baýramçylygyna biz onuň ene-atasynyňka Hýustona gitdik. Olar meni derrew kabul etdiler. Olaryň gatnaşygyndan: «Lloýd, onuň göwnüne degmegin, ýogsam biziň öňümizde jogap okarsyň» diýen ýaly äheňi duýmak bolýardy. Men onuň ejesine mähirli ýüzlenşini duýman bilmedim. Elbetde, Hudaý meniň üçin iň gowy zatlary saýlapdyr. Täze ýyl sowgadyna men üýtgeşik sowgady — brilliant gaşly nika ýüzügini iň söýgüli adamymdan aldym. Toýy on bäşinji iýunda etmegi karar etdik. Meniň toý köýnegini almaga pulum ýokdy. Dilemegi-de işlämokdym. Kolleje gelenimde, durmuşa çykan boýdaşym: «Dori, men bir zady pikir edip, muny Hudaý tarapyndandygyna göz ýetirdim. Mende toý köýnegi bar, ol saňa gowy bolsa gerek. Isleseň geýip bilersiň». Ol maňa örän oňat boldy. Doganoglanym fata berdi. Birnäçe maşgala Oklend Birleşiginiň ybadathanasynda hoşniýetli kabul edip, toý çykdaýjysy üçin maňa pul berdiler. Biz Hýustonda Birleşen ybadathanada nikalaşdyk. Şol gün men irden oýanyp: «Hudaý, bizi ak ýola sal we biziň öýümizi Seniň hakyky söýgiňiň mysalyna öwür. Sen bize çaga berseň, olary hem ak ýola sal, goý, olar Seniň adyňy arşa götersinler». Soň men özümi tenimi burup gördüm. Hudaý jan, bularyň bary hakykatmy? Toý güni men özümi şazada ýaly duýýardym. Hudaýjan, eger Sen meni ýekeje günlük owadan edip bilýän bolsaň, goý, ol şu gün bolsun! Hawa, men özümi owadan saýdym. Men Mariýany nireden gözlejegimi bilemokdym, dogrusy, islämokdym. Bu gün örän ajaýypdy, meniň ony ýakymsyz ýatlamalar bilen zaýalasym gelenokdy. Men hemişe özümden sorardym: Kim meni ruhanynyň ýanyna alyp barar? Muňa Lloýdüň sallah daýysy Gerbert höwesjeň boldy. «Gerbert daýy, — men ony gujaklap şeýle diýdim, — men siziň äkitjegiňize özümi juda bagtly saýýaryn». Haçan biz geçelgä gelenimizde, Lloýd maňa gözüni gypdy, biz gaty ýöräp başladyk welin, Gerbert daýy hem bizden galanokdy. Bagtymyza saz çalýan gyz çalmasyny batlandyryp, biziň bilen deňleşdi. Biz kollejiň golaýynda kiçijik öý tutundyk we soňky kursy bile gutardyk. Bu 1949-njy ýylyň maýynda bolup geçdi. Soň biz Hýustona göçdük we ol ýerde oglumyz Berni doguldy. Onuň doglan gününden soň tizden 1949-njy ýylyň uýulynda Tehasda, Labbokda Birleşigiň kiçeňräk ybadathanasyna ýolbaşçylyk etmäge çagyryldyk. Ilkinji haýyr-sahawat biziň gullugymyzdan soň bäş sent boldy. Meniň şol çagalar öýünde ýaşan gorkuly ýyllarymda kimdir biri maňa: «Sen hakykatdan hem bagtly bolarsyň» diýse, onda ynanmardym. Ýöne bu şeýle boldy. Men üýtgeşik adama durmuşa çykdym. Men eýjejik ogluň ejesi boldum. Hudaý maňa göz öňüme getirenimden, dilänimden köp zat berdi. Ol meni ak ýola ugratdy. Ýöne biziň maksadymyz entek öňdedi: Täze Gwineýa. On ikinji bap Kaka, men seni söýýärdim Sent-Poldaky Injil institutynda men kakam barada köp pikir etdim. Ol menden ýüz öwren hem bolsa, onuň ýüreginde üýtgeşme bolup geçip, ol meni ýene-de kabul eder diýip umyt edýärdim. Men Hudaýdan dileg edip soraýardym. Bir gezek men oňa Minneapolisden jaň etdim: — Kaka, bu Doris. Aňyrdan diňe guguldy eşidildi. Soňrak men oňa hat hem ýazdym, ýöne jogap bolmady. Lloýd bilen nikalaşanymdan soň, men oňa ýene jaň etdim: — Kaka, haýyş, men aýtjaklarymy aýdyp bolýançam trubkany goýma. Men saňa möhüm zat aýtmakçy. Kaka, men örän ajaýyp adam bilen nikalaşdym. Ol meni söýýär. Men siziň tanyşmagyňyzy isleýärin. Biz ikimiz Hoş habarçylar bolmakçy, ýöne sen arkaýyn bol. Ol men barada alada edýär. Jogabyna kakam iki söz aýtdy: — Sag bol. Muny ýeňip geçmek kyn hem bolsa, Lloýduň söýgüsine minnetdarlykda men geçmişimi unudýardym. Berni dogulandan soň, meniň kakamy agtygy bilen tanyşdyrasym gelse-de, men duşuşyk gözlemedim. Çagamyň dogulmagy meniň üçin täze durmuşyň başlangyjy boldy. Geçmişi geçirip, ýatdan çykarmalydy. Men kakamyň demir erklidigini bilýärdim. Hiç zat, hatda agtygam, kakamyň Hudaýa bolan ýigrenjini we meniň Hoş habarçy bolanymy görmezlige bolan islegini dänderip bilmez. Şol wagtlar biz kakamyzyň entek diridigini hem bilemizokdyk. Şol gapydan gaýdanyma eýýäm dört ýyl geçipdi. Eger öläýse-de biz muny bilmeris diýip güman edýärdik. Emma Hudaý bar zady başgaça etdi. Mesihileriň we Hoş habarçylar wekili hökmünde 1950-nji ýylyň maýynda bizi her ýylky duşuşyga Toronta iberdiler. Men ikinji çaga garaşýan hem bolsam, biz gitdik. Uzak ýola giderlik maşynymyz ýokdy. Ýöne Talsadan bolan bir ruhany Toronta bile gitmegi teklip etdi. Tehasa barýan ýolda biz Sent-Luisde, Missuride saklanyp, ruhany Talsa, aýalyna jaň etdi. Ol edil şu wagt ýerli gazetden meniň kakamyň ölümi barada okandygyny aýtdy. Ertesi güni hoşlaşyk, soňky güni jaýlamak bellenipdi. Biz Talsa gyssagly ugrap, hoşlaşmaga we ýerlemäge ýetişeris diýip umyt edýärdik. Ertesi güni biz öli saklanýan ýere geldik. Meniň ýüregim gaty urup, örän tolgunýardym. Men durmuşymyzdaky gowy gatnaşyklary ýatlamaga çalyşýardym, emma şol gapymyzda bolan waka, onuň menden ýüz öwreni, hakydama gelýärdi. Birnäçe minutdan soň, biz öli saklanýan ýeriň girelgesine girdik. — Jenap, aýdyp bilmersiňizmi, Luýis Dakwortyň jesedi niredekä? Ol gapylaryň birini görkezdi. Hawa, ol şol ýerdedi: «Luýis Dakwort». Men gelenleriň bellik kitabyny açyp, gyzy diýip ýazdym. Ýasy guraýan adam geň galdy. — Onuň çagalary bolmandy. — Ýok, ýok, men onuň gyzy. — Size girmek bolmaýar. Bu onuň maşgalasyny öýkeleder. Eger siz ony görmekçi bolsaňyz, giçde ýapylmazyň öň ýany geliň. Kakam sözünde durupdyr. Onuň köpçülikde tutýan derejesine görä, onuň ölümi hakyndaky habar gazetiň birinji sahypasyna düşüpdir. Başga habarlar bilen birlikde ol ýerde «Onuň çagasy bolmandy» diýen habar bardy. Guramaçy onuň isleglerine garşy gidip biljek däldi. Haçanda biz gaýtmak üçin öwrülenimizde, otagdan çykyp gelýän daýzalarymyň birine gözüm düşdi. Men onuň bilen Talsada kakamlarda ýaşaýarkam tanyşypdym. Biz biraz gürleşdik. Ol hem gitseň gowy bolardy diýdi, emma ol biziň saklanan jaýymyzyň telefon nomerini sorady. Lloýd ikimiz gaýgyly halda bizi Toronta we yzymyza alyp barýan ruhanynyň öýüne geldik. Bir sagatdan jaň geldi, bu daýzamdy. — Doris, sen ýasa gelmeseň gowy bolardy. Bularyň bary seniň garşyňa. — Hawa, men bilýärin — diýip jogap berdim. — Ýöne sen maňa hemişe ýaraýardyň. Mende seniň üçin bir zat bar. Kakaň hem ony sende görmegini islärdi. Men ony saňa getirerin. Daýzam basym geldi. Ol kakam üçin uly ähmiýeti bolan kitap gutyny maňa getirdi. Kitaplaryň arasynda «Beýik filosoflar« diýen kitaplar toplumy hem bardy. Şol gije Lloýd ikimiz ýene-de jesedini görmäge bardyk. — Lloýd, seniň şeýle ýagdaýda tanyşmaly bolandygyňa gynanýaryn. — Hemme zat gowy bolar, mähribanym, men düşünýärin. Ärim meniň maşgalam bilen bagly zatlara düşünmek bilen garaýardy we häzir hem bu üýtgewsiz goldawdy. Biz kakamyň ýatan otagyna ýuwaşja girdik. Ol üsti örtülgidi, elleri bolsa gursagynda. Ol jansyz hem bolsa owadandy, çytyk ýüzli, garaýagyzdy. Men onuň jesedine seredýärkäm, ýyllarboýy ýygnanan duýgularym böwsüp çykdy. «Kaka, men seni söýýärdim, men seni söýýärdim» — diýip men aglaýardym. Biz ol ýerde birnäçe minut durduk. Lloýd meni ýuwaşja gujaklady. «Dori, onuň senden ýüz öwreniniň hiç zyýany ýok. Eger şeýle bolmadyk bolsa, men hiç wagt saňa sataşmazdym». Men özümi ýitirjek ýaly boldum. Emma Lloýd çykaryp, maşyna oturtdy. Ýolda öýe gelýärkäk, kakamyň iň soňky sözlerini ýada saldym: «Men indi seni hiç wagt görmek islemeýärin. Sen meniň gyzym däl». Ertesi güni Lloýd ýasa gitdi. Men beren sözümde tapylyp galdym. Şol güni Lloýd ikimiziň kakam üçin ýürekden eden dileglerimizi ýatladym. Ol meni irde-giçde kabul eder, üstesine Mesihe ynanar diýip umydym bardy. Hudaý, sen nädip onuň ynanman ölmegine ýol berdiň? Injil aýdýar: Hudaý ýagşylygyň hatyrasyna hemme zat edýär, hatda gahar hem Onuň meýilnamalarynyň bir bölegidir. Bu hakykatdy, emma söýýän adamyň, Hudaýdan aýgytly ýüz öwren adamyň mazarynyň başynda durkam, bu pikir meni köşeşdirmedi. Meniň pikirimçe, kakam Isany ahyryna çenli ret etdi. Eger bu hakykat bolsa, biz hiç wagt görüşmeris. Daşardaky gürrüň hem iň soňky boldy. Iň soňky gezek hoşlaşdyk. Indi biz hoşlaşmarys, sebäbi hiç wagt salamlaşyp hem bilmeris. Birnäçe aýdan soň, 1950-nji ýylyň bäşinji oktýabrynda Hudaý Bernä uýajyk berdi. Biz onuň adyna meniň iň oňat görýän joram Darlin Deýbleriň hatyrasyna Darlin goýduk. Biziň Labokkada bolmagymyza bir ýyl boldy. Biz ýadawsyzdyk we Hudaýa tarap ýene bir çyn ädim ätmegi ýüregimize düwdük. Bizi Täze Gwineýa işe bellemediler. Ýöne biz gerekli mukdary ýygnanymyzdan soň Birleşik bizi ol ýere ibermeli bolar diýip meýilnamalaşdyrýardyk. Biz öz ybadathanamyzy goýup, Kaliforniýa ýola düşdük. Ýolda bizi kabul eden ybadathanalarda çykyş etdik. Ondan biz Minnesota ýola düşüp, birnäçe hepdeden gerekli mukdary ýygnadyk. Ol Hoş habarçylar gurluşygynda bir ýyla ýetmelidi. Biz pullary Nýu-Ýorka, Birleşigiň ştabyna ugratdyk we tiz wagtdan özümizi Täze Gwineýa işe iberilendigimizi eşitdik. Geljege garaşmak geçen günleriň agyryly täsirini gowşatdy. Kakamyň ölümi meniň ýerdäki ähli garyndaşlyk gatnaşyklarymy üzdi. Indi meniň iki çagam, Lloýd we, elbetde, Hudaýym bardy. Hudaý, biz Seniň kömegiň bilen diňe öňe hereket ederis. On üçünji bap Biz Täze Gwineýa gidýäris! Haçanda Lloýd gulluga taýýarlanýarka, dürli ýurtlarda ýokanç keselleri ýaýradaýan mör-möjekleriň kartasyny görüpdir. Ol Täze Gwineýada olaryň hemmesiniň bardygyny bilýärdi. Ýöne bizi Hudaý çagyrdy, biz boýun bolýarys. Oklahomada, Normandaky Wikliffiň Tomusky diller institutynyň gysga möhletli okuwyndan soň biz Nýu-Ýorkdaky portdan gündogara tarap uzak gezelenje ýola düşdük. Mesihiler we Hoş habarçylar Birleşiginiň ybadathanasynyň ýolbaşçylary bize ak ýol arzuw edip, Atlantik okeana ugraýan «Sois Daýk» ýük gämisinde ugratdylar. Ýüzüş wagtynda biz ýene iki Hoş habarçylar maşgalasy bilen tanyş bolduk. Üç aýdan 1952-nji ýylyň martynda Indoneziýa gelip, ol ýerden bizi kiçijik gämide Täze Gwineýanyň demirgazyk kenaryna Biaka äkitdiler. Hoş habarçylar topary bizi «Wissel köli» bekedinde garşy aldylar. Olaryň arasynda gaýtadan durmuşa çykyp, öň Darlin Deýbler bolup, indi Darlin Rouz bolan hem bardy. Biz gujaklaşyp aglaşdyk. Darlin meniň bir ýaşlyja gyzymy eline aldy. Bu atdaşlaryň ilkinji duşuşygydy. Kapauk mesihileri daşymyza ýygnanyşyp, «Isa meni söýýär, men muny berk bilýärin» diýip aýdym aýtdylar. Men bu aýdymy hemişe Direliş mekdebi üçindir diýip düşünýärdim, ol häzir gimne öwrüldi. Biz goşlarymyzy Inarotalida ýaşaýan Rouzlaryň ýanyndaky agaç kepbä getirdik. Biz örän geň ýurda gelen hem bolsak, özümizi öýde ýaly duýýardyk. Hudaýyň islegi bilen Lloýd ikimiz kapauku dilinde gürleşmek üçin dil öwrenip başladyk. Üç aýdan täze Hoş habarçylar bekedini guramak üçin bize on kilometr daşda ýerleşýän Tidji kölüne göçmegimizi haýyş etdiler. Ol ýerde jaý gurulgydy we biz goşlarymyzy ýygnamaga başladyk. Täze jaýyň biraz işleri bolany üçin Lloýd ol ýere işlemäge gitdi. Men hem çagalar bilen basym barmalydym. Ýöne men birden bir geň kesel bilen keselledim. Lloýd on kilometr daşda ýaşaýan hem bolsa, bu ýabany ýerlerden pyýada geçip gelmek üçin oňa sekiz sagat gerekdi. Şonuň üçin hem oňa aýtman, ýanyma Darlin Rouzy goşup, Hollandiýa (Şol döwür Täze Gwineýanyň paýtagtydy — redaktoryň belligi) keselhanasyna iberdiler. Berni we Darlin başga bir mesihileriň maşgalasy bilen galdylar. Olar Lloýduň Inarotala gelerine garaşýardylar. Ol çagalar bilen iki hepde ol ýerde boldy, men hakdaky täzelikleri bolsa radio arkaly eşidýärdi. Täzelikler gowulygy habar berenokdy. Meniň ýagdaýym tiz erbetleşip, bar umydymyz operasiýadady. Peritonit — garyn bardasynyň çişmegi diýip diagnoz goýdular. Ölüm birnäçe sagatdan ýa-da günden gelip ýetjekdi. Lloýd operasiýada ýanymda bolmak üçin çagalary mesihi dostlaryna goýup gaýdypdyr. Operasiýa jaýyň diňe üçegi bolup, siňekler girmez ýaly gapdallaryna tor tutulandy. Poly gyňyr-gyşyk betondandy. Ýatylýan otagy has hem ýönekeýdi: bir aýratynlygy - ol ýerde bizar edýän çybyn, siňeklerden goraýan torlar ýokdy. Keselliler çybyn peşehanalarynda ýatýardylar. Gapyda ýaragly garawul durdy. Haçan meni operasiýa jaýyna geçirenlerinde meniň ölümim ýakyndyr diýip pikir etdim. Meniň gorkymy güýçlendirmek isleýän ýaly, edil ýaňyja şu ýerde katolik dindarynyň ölendigini aýtdylar. Men indikidim. Elimi, aýagymy daňyp, anesteziýa edilensoň işe başladylar. Oýananymda men gözlerime ynanmadym: operasiýadan soň meniň düşeklerimiň aýak ujunda jüýjejik otyrdy. Ýönekeýje arassaçylyga şeýle parhsyz garamagy gowulygy habar berenokdy. Operasiýadan soň lukman meniň ýumurtgalygymda çiş bardygyny aýtdy. Men aýyrdyňmy diýsem, ol «ýok» diýip, göwnibir ýaly jogap berdi. Ol operasiýasyny gutarmady, emma beýle sowuk-salalygyň hem sebäbini düşündirmedi. Bu golland lukmanyň goşulmagy netijesinde meniň çişimiň has beterleýändigi tizden mälim boldy. Onuň ulanan esbaplary arassa bolmadyk bolmaga çemeli. Meni şeýle sowuk-sala bejerýän lukman barada biz anyk çeşmelerden haýran ediji zatlary bildik. Gollandiýada ol nemesler bilen işleşipdir. Öz ýurduny basyp almaga kömek etmek üçin gizlin habarlary milletparazlara satypdyr. Içalylyk üçin hem Täze Gwineýa iberilipdir. Gapydaky garawulyň derwayslygy hem şunuň bilen düşündirilýärdi. Ýene bir aýdan men Inarotaliýa dolanyp bardym we biz hemmämiz bir ýere jemlendik. Ýöne biz barybir Tidji kölüne göçmedik. Hudaýyň başga meýilnamalary bardy. Mesihiler we Hoş habarçylar Birleşigi Täze Gwineýanyň ortasynda ýerleşýän Balýem jülgesine barmagy meýilnamalaşdyrýardylar. Hiç wagt Isa Mesih barada eşidip görmedik, ösüşden yza galan 60000 ilat. Olary daniler diýip atlandyryp, rehimsiz adamsoýujylar hasaplaýardylar. Şangri-La jülgesi gorkunç daglar we ýabany ösümlikler bilen gurşalandy. Birleşigiň 1953-nji ýyldaky gurultaýynda bizden, Rouzlardan we Eýnar Mihelsondan şu taslama täsir etmäge kömek etmegimizi soradylar. Biz Balýem taslamasynyň ştabynyň ýerleşjek ýerine — Sentaniýe göçdük. Ol ýerde biz malaý dilini — adalarda ulanylýan işewür dili öwrenmäge başladyk. Ruhum belent bolsa-da, men fiziki tarapdan örän gowşakdym. Operasiýadan soň men gowy aýňalmadym we peritonit ýene-de güýçlendi. Inarotalili lukman muňa göwreliligiň oňaýly täsir etjekdigini aýtdy. Haçanda meniň üçünji çaga garaşýandygym belli bolanda biz bagta çolandyk. Ýöne şatlyk uzaga çekmedi. Çagam düşdi. 1954-nji ýylda biz ýurduň ortasyna gitmek üçin awstraliýa uçaryny buýurdyk. Kesele garamazdan, daglaryň we ýabany ösümlikleriň arasynda ýitip giden Balýem jülgesinde işlere kömekleşmek üçin men Lloýda we beýleki üç Hoş habarça goşuldym. Jülge deňiz derejesinden 5300 futa ýetýän beýiklikde ýerleşip, 13000 futa ýetýän daglyklar bilen gurşalandy. Baglara oraşyp gidýän bol ösüntgiler — ine, jülge şeýle görünýärdi we ondan derýa akyp geçýärdi. Obalaryň üstünden geçenimizde elleri 10-15 futluk naýzaly danileriň barýanyny gördük. Aýallar we çagalar öýde gizlendiler, doňuzlar bagda gezişip ýördüler. Eger doktor Welç bilen aýaly şu uçarda bolan bolsadylar, onda olar menden öýkelärdiler. Özleri üçin näçe dilegler eden danilere gözüm düşende, meniň ýürek tarlaryma kakylyp, duýgularym gursagymy ýarara geldi. Men geljekki öýüme — jülgä seredip, Hudaýyň şularyň haýryna bize şeýle ýüki atyşyny ýatladym. Lloýd kagyz haltajyklara egilip oturyp, uçuşy zordan geçirdi. Biz dileýärdik: «Hudaý, bize basymrak barmaga kömek et!». Ýöne Hudaý başga gün tertibi üçin bizi saklady. Alty hepdeden soň Lloýd we Eýnar Mihelson Balýem derýasynyň kenaryna düşürilip, ilkidurmuş adamlary bilen iş salyşyp başladylar. Men bolsa ýene bir ýyldan şu gören obalarymdan geçerin diýip göz öňüme getirip bilemokdym. On dördünji bap Şangri-La taşlanan habar Ikinji jahan urşy wagtynda Duglas Makartur Ýuwaş okeanda birleşmeleriň güýçlerine ýolbaşçylyk edýärdi. Ol ABŞ gerek wagty ulanar ýaly, Täze Gwineýada awiabaza gurmagy arzuw edýärdi. Şol wagtlar içki etraplar ýaşaýyşsyz bolup, ol muňa örän dogry gelýär diýip hasaplanýardy. Şeýlelik bilen Balýem jülgesi Amerikanyň ýaragly güýçleri tarapyndan täzeden açyldy. Soňrak iki harby habarçylar oňa Şangri-La diýip has hem syrly at goýdular. (Şangri-La — has tanymal mistiki ýer. — Çaphanaň belg.) Mesihiler we Hoş habarçylar Birleşigi jülgäniň içine girmegi meýilnamalaşdyrýardy. Ýöne nädip? Hoş habarçylar sümme tokaýlygy böwsüp, özlerine ýol ýasap bilerlermi? 60 000 ilkidurmuş adamlary, iň bärkisi 290 kilometrlikde ösen durmuşdan üzňediler. Şol aralykda bolsa sümme tokaýlar, baryp bolmaýan daglar, garaňky batgalyklar ýatyrdy. Hoş habarçylar iki gezek topara bölnüp, jülgä pyýada baryp bolýandygyny barlamaga synanyşdylar. Hoş habar üçin olar synanyşmaga taýýardylar: «Gaýalaryň aňyrsynda bir zatlar ýitirilen; ýitirilen, emma ol saňa garaşýar — git». Hoş habarçylar guramasynyň bekedine çenli barmak üçin ýekeje ýol bar, ol hem Balýem derýasyna çenli uçarda gitmelidigini iki ekspedisiýa subut etdi. 1953-nji ýylda Birleşik bu taslamany amal etmek üçin uçaryň kärendesine pul ýygnamaga başlady. Esasy baza Hollandiýa bolmalydy. Saýlanan mesihiler bolsa Eýnar Mihelson, Jerri Rouz we Lloýd Wan Stoundy. Biz haýran galdyk! Biz Lloýd ikimiz jülgä baryp giren ak adamlaryň ilkinjileriniň arasynda bolarys! Kwantas kompaniýasynyň uçary kärendesine alnansoň, Täze Gwineýanyň gubernatory onuň ýurtda gonmagyna rugsat bermedi. Şonuň üçin hem suwa gonup bilýän iki motorly amfibiýa uçary satyn almaklyk makul bilindi. «Hoş habarçysy» diýlip atlandyrylan bu apparat, Täze Gwineýa 1954-nji ýylyň fewralynda geldi. Ahyry uçmaly wagt ýakynlaşyp gelýärdi. Ýöne täze kynçylyklar ýüze çykdy. Mesihileriň üçüsiniň hem aýallarynyň näsaglygy ýüze çykdy. Eýnar Mihelsonyň aýaly ýüreginiň gowşaklygy zerarly ABŞ-a gaýtmaly boldy. Darlin Rouz göwrelidi we öýe barýan ýolda keselledi. Jerri soňrak dolanyp geldi. Meniň keselim ýene özüni bildirdi. Hiç bir gürrüňsiz duzagynyň obýekti bolduk. Bir wagtlar biz hem Balýeme bararmykak? Saglygymyň kemelmegi netijesinde men 8 kg horlandym. Lukman maňa ABŞ-a dolanmagy maslahat berdi. Birleşik Lloýda meniň bilen gaýtmagy maslahat berdi, emma biz bu teklibi soňa goýduk. Hudaý bizi şu ýere getirdimi, diýmek Onuň işi dowam etdirilmeli. Men Täze Gwineýada galmagy we ölmegi karar etdim, emma Lloýd ýatlatdy: «Biz çagalar üçin jogapkärçilik çekýäris!». Dört we üç ýaşly Berni we Darlin bilen biz Hýustona gaýtmaly diýip karar etdik. Lloýd jülgä gitmek üçin galdy. Uçmazymyzdan bir gün öň biz myhmanhanada otyrdyk. Ýerimde ýatmakçy bolanymda Berniniň öz krowadynda synçgyryp aglaýanyny eşitdim. — Mähribanym, näme boldy? — diýip soradym. — Eje, men muňa çydap bilmerin, — ol gök gözlerine ýaş aýlap aýtdy. — Nämä çydamarsyň? — Kakamdan aýrylyşmaga çydamaryn. Haçanda biz aeroportda gujaklaşyp hoşlaşýarkak, men hem muňa çydaman agladym. Lloýd ikimiz indi hiç wagt ýerde duşuşyşmajagymyz barada pikir edýärdik. Eger men öläýsem, çagalary dostlarymyz — Bob we Jessi Silwesterlere galdyrmaly diýip biz wadalaşdyk. Haçanda uçar uçuş zolagy bilen gidende, meniň göwnüme özümiň ýarpy göwräm bölnüp, aşakda galan ýaly boldy. Çagalar: «Kaka, kaka» diýşip gygyryşyp, aýna burunlaryny degirýärdiler. Haçan uçar aýlananda, men Lloýduň çekinmän ses edip aglaýanyny gördüm. Men oýlanyşman uçardan yzyma çykardym welin, Hudaýyň emrine boýun bolýanym ýadyma düşdi. Men ynanýardym, edil öňküleri ýaly Ol ýene meni köşeşdirer. Şeýdip, Lloýd bilen Eýnar danileriň ýeriniň ýüregine gonmalydylar. Golland häkimiýeti munuň howpludygyny duýdursa-da, olar yzyna dolanyp bilmediler. Lloýd harby aksiomany aýtdy: «Biz öňe gitmäge borçly! Biz yza dolanyp bilmeris». Bellenilen sene, 1954-nji ýylyň 20-nji apreli ýetip gelýärdi. Lloýd 5.30-da oýanyp, biraz wagtyny Hudaý bilen geçirip, Lýuislere 6-da ertirlik edinmäge geldi. Ýene bir sagatdan ol, Eýnar, birinji pilot, Al Lýuis we Ed Ulriç, ikinji pilot «Hoş habarçysynyň» bortundadylar. Olar bilen mesihi kapauku maşgalasy Eliz we Ruf Gobaý we olaryň iki ýaşly gyzy Dorkas bardy. Danilere akýagyzlaryň dostana niýet bilen gelendigini aýtmak üçin ekspedisiýa bu maşgalany iberdiler. Ondan başga-da, diňe erkeklerden düzülen topar duşmançylykly görünmegi mümkindi. Soňrak Hoş habarçylar danileriň Rufi aýal hökmünde tanamandyklaryny bildiler. Dostlukly gatnaşygy iki ýaşlyja Dorkas döreden bolmagy mümkindi. 7.10-da uçar eýýäm howadady. Lloýd öz pikirlerini şeýle beýan edýärdi: «Bu uky dälmikä? Bu mümkinmi? Eýsem biz ahyry bellän maksadymyza ýetmek üçin ahyrsoňy gullugymyza başladykmykak? Dogrudan hem başga yza goýulma bolmazmyka? Hiç hili päsgelçilik? Hiç hili kesel? Uçar bilen hiç hili mesele? Eýsem biz dogrudan hem ýoldamykak?». Lloýd hem, Eýnar hem bu ekspedisiýada ömrüňden el üzmeli boljakdygyny bilýärdiler. Olar Täze Gwineýanyň häkimiýeti bilen bolmasyz zat bolaýsa, Hoş habarçylaryň özleri çözülişjekdigi baradaky ylalaşyk hatyna gol çekişdiler. Häkimiýet özünden ähli jogapkärçiligi aýryp, elini ýuwdy. Mundan başga-da, uçar ýere düşenden ähli ýolagçylar uçardan tiz çykmaly diýen dilden pilot Al Lýuis bilen ylalaşyk bardy. Al uçaryň içinde ýolagçy bolsa, ol 5300 fut belentlikde göterilip bilmez diýip gorkýardy. Şeýdip, olar üçin indi yza ýol ýokdy. Olar suwasty agaç bar bolaýmasyn diýen pikir bilen derýanyň üstünden uçup geçdiler. Soň dolanyp gonmaga girişdiler. Ine, olar suwda. Üç erkek kişi özüni suwa zyňyp, kenara golaýlaşmaga başladylar. Ikinji pilot kenara bökdi. Uçary agaja daňdylar. Lloýd bilen Eýnar guşaklygyna çenli suwda durup, uçardan goşlary düşürmäge başladylar. On bäş minutdan uçar ýene howadady. Bäş adam ýabany tebigatyň içinde bir özleri galdylar. On-on bäş futa ýetýän ösüntgileri aýryşdyryp, ýer açmalydy. Günortana çenli olar 8x8 fut ölçegde çadyr ýerleşjek meýdançany arassaladylar. Gündiz Eýnar bilen Eliz uçardan ýük taşlamaga oňaýly görünýän dörtden bir milýada ýerleşýän meýdança ýetmek üçin düşelgeden bir ýarym sagatlyk gitdiler. Ýöne ol ýer hem çybynlardan doly batgalyk bolup çykdy. Olar Eýnaryň doglan gününe iberilen awstraliýa iýmiti we finik çöregi bilen naharlandylar. Günüň galan ýarymyny Lloýd şeýle suratlandyrýar: «Ertir uçar hiç hili päsgelçiliksiz gonar ýaly, biz derýanyň kenaryndaky gyrymsy agaçlary çapdyk. Soň boýy 100 fut bolan radio antennany dikmek üçin ýodajyk arassaladyk. Agşamlyk üçin bizde peýnir we uly piti kakao bardy. Eliz, Ruf we Dorkas çatmada ýerleşdiler, Eýnar ikimiz bolsa basdyrmanyň aşagynda ýerleşdik. Nähili täze öý! Bu güýçlülikden we gudratdan däl, bu ruhuňa görä — Hudaý aýtdy!» Uzak ýyllaryň meýillerinde, dileglerden we taýýarlyk işlerinden soň Hoş habarçylar Şangri-La gelip düşdüler. Ýöne entek olar danileriň hiç hili yzlaryny görmediler. Ertesi irden pilot Al Luýis ikinji gezek uçuş edip, düşelgäni guramaga kömek etjek iki kapaukini we dilçi Maýron Bromlini getirdi. Golland deňizçilerinden wagtlaýyn alnan rezin gämini hem düşürdi. Şondan soň tolgunma boldy! Uçar göterilenden Eliz beýleki Hoş habarçylary çagyryp aldy. Dag belentliginde, asmanyň ýagtysyna oňat görnüp, danileriň topary durdy. Olar 3 metrlik naýzalaryny dik goýşup, dikgerişip duran daniler serhet araçägindäki dikmeleri ýada salýardy. Emma Hoş habarçylaryň öňünde başga gaýra goýulmasyz mesele durdy. Düşelge üçin täze ýer tapmalydy: suw göterilýärdi we düşelgäni suw basmak howpy bardy. Derýanyň aňyrky kenaryndaky depe muňa has oňaýly görünýärdi. Erkekler derýadan ýüzüp geçip, ol ýerleri oňatja öwrenmäge başladylar. Yza, köne düşelgä seredenlerinde, olaryň emlägini paýlaşýan danileriň gykylyklaryny eşitdiler. Yzyňa dolanaýmak aňsat iş däldi, şonuň üçin hem Hoş habarçylara daniler esbaplary zaýalamazlar diýip umyt etmek galýardy. Olar täze düşelgäniň üstünde yhlasly işleýärkäler, danileriň iki wekili olaryň ýanyna geldi. Olaryň diňe billerinde daňy bardy. Ikisiniň hem ellerinde naýza bolup, olary agaja diräp goýdular. Daniler Hoş habarçylara hoş geldiňiz diýmäge gelipdirler. Lloýd bu duşuşygy wideokamera arkaly reňkli plýonka düşüripdir. Soňrak däp-dessurlarda çykyş edýän daniler has jikme-jik düşürilipdir. Biz dynç almaga gelenimizde, danileriň medeniýetini öwrenýän antropologlar bu filmleri uly gyzyklanma bilen seretdiler. Louell Tomas Lloýd bilen gürleşip, oňa bu özboluşly halk bilen gatnaşygy barada çykyş etmäge mümkinçilik döretdi. Lloýd gündelige şeýle ýazypdyr: «Daniler bizi elimizi gysyp we çalaja gujaklap garşy aldylar. Olar doňuz ýagyny çalynandyklary üçin, salamlaşyk gutarýança biz hem durşumyza ýag bolduk. Men eşidipdim: eger Hudaý çagyrsa, Ol ony ýerine ýetirmäge güýç hem berýär, emma şu wagta çenli men muňa durmuşda dogry gelmändim. Ine, şeýle — men bu iki danini söýdüm! Biziň myhmanymyz burnundaky doňuz süýegini alyp, ony nädip burnundaky deşige oňaýly oturdyp bolýanyny görkezdi. Ýylgyryşymdan dostlukly niýetime we onuň naýzasynyň maňa ýaraýandygyna düşüner diýen umyt bilen men onuň naýzasyny elime alyp gördüm. Erkekleriň biri agaja çykyp, biziň düşelgämiziň daş-töweregindäki dag gerişlerini synlap başlady. Ol hemişe «selimaýk« diýip gaýtalaýardy we biz soňrak bu sözüň «duşman» diýmegi aňladýandygyny bildik. Indi biziň düşelgämizde 25 adam jemlenipdi. Käbirleriniň kellesinde perler bilen bezelen gaplary bardy. Käbirleriniň bolsa saçynyň buýralary sanardan köpdi. 20-30 adam günuzyn düşelgäniň töwereginde täze sözleri öwrenmäge synanyşyp ýördüler». Ýer ýüzündäki ýüzlerçe mesihileriň dileglerine jogap edip, Hoş habarçylar Balýem jülgesiniň ýaşaýjylary bilen arany sazladylar. ABŞ-a gelenimden iki aý soň, operasiýadan aýňalyp, men Hýustonyň Herman keselhanasynda ýatyrdym. Jessi Silwester otaga girip sorady: — Dori, seniň şu gün iň eşidesiň gelýän zadyň näme? Oýlanman jogap berdim: — Hoş habarçylaryň jüldä barandyklary barada. — Muňa seret, Dori! Nýu-Ýorkdan Birleşik ştabyndan gelen telegrammada Hoş habarçylar bilen Balýem jülgesinden radio aragatnaşyk ýola goýlandygy habar berilýärdi. Hemme zat gowudy. Men agladym. Ahyrsoňy birnäçe ýyllardan soň arzuwymyz hasyl boldy. Lloýd jülgede ýaşaýar. Çagalar bilen biz onuň ýanyna barýançak on aý geçer. Ýöne başlangyç ýola goýlupdy! On bäşinji bap Jülgedäki ýaşaýyş Hoş habarçylaryň Balýem jülgesine aralaşandyklary baradaky habar bütin ABŞ-a ýaýrapdy. Louell Tomas bu barada radio boýunça habar berip, şeýle tassyklaýardy: «Balýem jülgesi ösen durmuşyň we mesihi Hoş habarçylaryň eli degmedik, ýeriň iň soňky nokatlarynyň biridir». Daniler myhmansöýerdiler. Ýöne birnäçe hepdeleriň dowamynda Hoş habarçylar taýpalaryň arasyndaky köpsanly söweşlere şaýat boldular. Käbir ýagdaýlarda täze düşelgäniň golaýyndan öldürilen danileri tapdylar. Söweşleriň näme üçin özleriniň saýlan ýerinde bolup geçýändigi Hoş habarçylary aladalandyrýardy. Soňrak näme üçindigi belli boldy. Düşelge iki duşmançylykly taýpalaryň ortasyndaky hiç haýsyna degişli bolmadyk ýerde gurlupdyr! Bagtymyza, Hudaý olaryň janlaryny aman saklapdyr. Ýuwaş-ýuwaşdan Bromli dil öwrenip başlady. Indi hemme zat gowy bolup barýardy. 1954-nji ýylyň noýabrynda men çagalar bilen Nýu-Ýorky taşlap, üç aýdan soň «Orçides» gämisinde Awstraliýa, Sidneýe geldim. Bizi Lloýd garşy aldy. Nähili ajaýyp duşuşyk! Berni kakasyna topuldy, dört ýaşlyja Darlin ony tanamady. On bir aý mundan öň ABŞ-a gidenimde, meniň Lloýd bilen Täze Gwineýadaky gullugym gutardy diýip pikir edipdim. Häzir bolsa sagdyn, jülgedäki öz täze öýüme barýardym. 6 ýaşly Berni daniler bilen duşuşjakdygyna tolgunýardy. «Men olardan gorkarmykam diýýän» diýip, ol içki howsalasyny gizlemän aýtdy. Ýöne Al Luýis uçarda oňa gapdalynda oturmaga rugsat bereninde, gorky ýerini mertlik bilen çalyşdy. 45 minutlyk uçuşyň dowamynda ol kürsüde gönelip oturyp, tegelek ruly tutup oturdy. Şeýdip, 1955-nji ýylyň 20-nji fewralynda çagalar, men we Lloýd jülgä uçup geldik. Uçar Balýem derýasynda saklanyp, suwa gondy. Biz düýbi tekiz agaç gämä münüp, kenara ugradyk. Azyndan elli sany çagalar we ulular töwerekläp, Tuan Wan Stounyň aýalyna elini degrip görmekçi bolýardylar. Men olaryň görýän ikinji ak aýalydym. (Şundan birnäçe hepde öň jülgä Darlin Rouz gelipdi). Olar meni çümmükläp görýärdiler, ýagly elleri bilen gujaklaýardylar we meniň aýaklarymy tutup görýärdiler. Uzyn kirli dyrnaklary bilen olar meniň göz gabaklarymy çekip görýärdiler. Olaryň özlerini alyp baryşlary göwne alarlykly däldi, olar ýöne bir Eje Wan Stouny elläp görmek isleýärdiler, bu ýagdaý meni biraz aljyratdy. Köpçüligiň içinden Lloýd gygyrdy: — Gygyr: Heki Hakeke Hu — Bu näme aňladýar? — men jogap berip gygyrdym. — Parhy ýok, ýöne gaýtala! Şeýle-de etdim. Bu kömek etdi. Daniler golaýyma gelmediler. Soňra Lloýd maňa düşündirdi: «Seretmek bolýar, emma ellemeli däl!» diýen manyny berýärdi. Bu kirli daniler meni gujaklaýarkalar, men olary söýdüm. Hudaýa dileglerimiziň biri hem Onuň bize söýgi ibermegini soraýardyk. Men ökde dilçi däl. Ýöne men adamlary söýüp bilýärin. Men bu danileri söýüp bilýärin. Goşlarymyzy «öý» diýlip atlandyrylýan çatmada (3x7 metr) ýerleşdirdik. Pürsler iki «otagy» bölýärdi. Jülgäniň bu bölegini «Hetijima» diýip atlandyrýardylar. Daniler biziň her bir hereketimizi synlap, töweregimizden aýrylanokdylar. Açyk aýnalardan olaryň ýüzleri görünýärdi. Olar biziň iýşimize seredýärdiler, ýuwnuşymyza geň galýardylar, dişimizi ýuwşumyza haýran bolýardylar. Olar diş pastasyna guşuň tezegidir diýip düşündiler. Darliniň «Eje» diýip gepleýän gurjagy hakyky başagaýlygy döretdi: uly adamlar geň görüp gaçdylar, soň batyrgaýlanyp özleri gelip, ony eýläk-beýläk agdaryp görmäge başladylar we bu geň «çaganyň» bolşuna haýran boldular. Olar onuň oglan ýa-da gyzdygyny bilmäge çalyşdylar we jynsynyň ýokdugyny görüp, bu ruh diýen netijä geldiler. Biziň öýümiz syçanlardan dolansoň, olar bilen söweşip ýeňmäge iki sany pişik edinmekçi bolduk. Pişiklere iýmit diýseň köpdi we bir aýdan soň olar bakydaky soýuljak mala meňzediler. Öň daniler hiç wagt pişik görmändirler we ellemändirler. Haçanda bir erkek adama pişijegi uzadanymda, ol onuň tumşujygyny gowuja synlady, soňam onuň kellesini agzyna sokdy! Men ol pişik çagasyny iý‎jek bolý‎andyr di‎ýip pikir etdim. Ol bolsa pişijegi edil sü‎‎‎‎‎ýji ýalaý‎an ý‎aly, kellesinden guýrugyna çenli ýalady. Haçanda pişijek myrlanda dani gygyrdy: «Aniýýu» (gök gürledi), bu sözleri olar uçar üçin ulanýardylar. Olar hiç wagt jandarlaryň şeýle geň ses edýändiklerini bilenokdylar. Pişikleriň biri kesellände, men Elize ony öldürmegi haýyş etdim. Basym bize urşujylaryň biri kellesi çal bezegli tüýde geldi. Men ondan nireden alanyny soranymda, ol Eliziň pişigi öldürenini görenini we nirede jaýlanyny yzarlandygyny aýtdy. Gije ol pişigi gazyp çykaryp, derisini ýygnap goýupdyr, etini bolsa iýipdir. «Hiç kimde şunuň ýaly bezegli kellä geýilýän ýok» diýip, ol ulumsylyk bilen aýdýardy. Daniler ýyly suwly çelege elini sokup geň galdylar. Otda suwy gyzdyryp bolýandygy hiç wagt olaryň kellesine gelmändi. Eşik ýuwýan maşyny görüp, olar oňa taýak dykýardylar we nämeler bolýanyna tomaşa edýärdiler. Doňuzlaryň köpelýän möwsüminde, olar birnäçe doňzy öldürip, olaryň etini birnäçe hepdäniň dowamynda iýdiler. Bir bölek yslanan doňuz etini sowgat berenlerinde, zyňsam, men ony gapdalda goýandyryn öýdüp iki gezek tapyp getirdiler. Üçünji gezek men ony gömüp dyndym! Danileri biziň özümizi alyp barşymyz geň galdyrýardy. Lloýd köwüşlerini çykarýarka, danileriň kädilerine urup, süýem barmagyny agyzlaryna sokup, öz ýaňaklaryny çümmükleýişlerini görüpdir. Obalaryň birine giden gezegi Lloýd bäş gezek köwşüni we joraplaryny çykarmaly bolupdyr. Soňlugy bilen biz olaryň bu başagaýlygyna düşündik: olar ak adam öz teninden bir bölek aýyrýandyr öýdüpdirler. Iň ýönekeý zatlar hem açyşa öwrüldi. Bir dani aýnada özüni görensoň, onuň yz tarapyndan nätanyş adamy gözleýärdi. Beýleki biri aýna seredýärkä, yzynda duran dostuny görüp, muňa ynanmady. Nädip dosty onuň hem yzynda, hem öňünde durup biler? Ol dostunyň ruhuny görýändirin öýtdi. Sakgal alynýanlar, fotoapparatlar, ýazgy depderçeler has hem geň galdyrýardy. Näme bolýanyna düşünjek bolup, ony eliňden kakyp alýardylar. Biz danileriň adam etini iýýändiklerini eşidipdik. Olaryň arasynda ýaşap, munuň şeýledigine göz ýetirdik, ýöne olar oňat saýlaýardylar. Daniler duşmanyny tutup, gowrup iýýärdiler. Munuň üçin ol gaty baý ýa-da gaty garyp, gaty gowy ýa-da gaty erbet bolmaly däldi. Durmuşyň ähli babatynda olar örän geňdiler. Adam nejasatlaryny olar ýodajyklaryň öwrümlerinde goýýardylar. Olaryň tüsseden duýduryşlary ýa-da deprekleri ýokdy. Gämiler üçin olar kürek edenokdylar, tagta bilen itekleýärdiler. Daniler hiç wagt ýuwunmaýardylar. Doňuz ýagyny çalynýardylar, agaç kömür sürtýärdiler we ýas wagty özlerini batga bilen suwaýardylar. Şonuň üçin hem özüni görmeseň-de, daniniň golaýyňdadygyny duýmak bolýardy. Ysly bolmak ahyrsoňy her kimiň öz işi bolsa-da, Lloýd ikimiz her anna güni diňe özümize seretmegi karar edipdik. Biz ýuwunýardyk, arassa eşiklerimizi geýýärdik, onsoň ýa-ha giçki gezelenje giderdik, ýa-da çagalar bilen oýnardyk. Gyzykly bolsun diýip men bir çüýşe atyr getiripdim. Ondan sepinsem, daniler: «Eje Wan Stoun, sen porsaýarsyň!» diýişý‎‎‎‎‎‎‎‎ärdiler. Menden: «Doris, sen bu adamlary nädip sö‎ýüp bildiň?» — di‎‎ýip sora‎ýardylar. Men Hudaýdan mähir alypdym, şol mährem bölüşmäge taýýardym. Danileriň dilinde «söýgi» diýen söz ýokdy: men hem tä Hudaý meni söýýänçä, söýginiň nämedigini bilmedim. Daniler köplenç uruşýardylar we çagalaryny tä gözleri hanasyndan çykýança urýardylar. Ozal meni hem urýardylar. Çagalygymda Hudaý maňa şeýle tejribe berdi, men şol esasynda danilere goşulyp biljekdim. Men olaryň çekýän ejirlerine düşünýärdim we olary söýýärdim. Çagalar öýünde tapan Hudaýym maňa şeýle diýýän ýalydy: «Dori, sen hem şolaryň biri ýaly — ýekirilen we bigelşik. Ýöne Men seni söýdüm we seni üýtgetdim. Men şonuň ýaly olary hem üýtgedip bilerin». Olaryň gazaply däp-dessurlaryny görenimde, ýüregim paralanýardy. Mysal üçin, aýal bozukçylyk etse, onuň buduna ýaý sokýardylar. Eger garyndaşlaryndan kimdir biri ölse, çagalaryň gulagynyň ujundan keserdiler. Ýas wagtynda gynanjy bildirmek üçin barmaklarynyň ujuny kesmek hem däpdi. Öz-özlerine ýetirýän fiziki agyrydan hem beteri olaryň biri-birine biperwaý garamaklarydy. Men bu duýgulara-da düşünip biljekdim. Men öz agyrymy ýadyma saldym. Özlerini näçe bizar ediji alyp barsalar-da, biz olara hemişe kömek edýärdik. Bir gezek bir dani meniň gap-gaç ýuwuşymy ünsli synlady. «Eje, muny menem edip bilerin» diýip teklip etdi. Ol ellerini gyzgyn suwa sokdy welin, ýaglary gap-gajyň daşyna ornaşdy. «Ýok, özüm ederin» — diýip, ol garşy bolmaz diýen umyt bilen aýtdym. Onda ol cap-gaçlary süpürmäge süpürgiç sorady. Dani ony arkaýyn aldy we bir çetinden dişläp ýyrtyşdyryp, ellerindäki, endamyndaky ýaglary süpürmäge ulandy. Örän mylakatlylyk bilen özümiň süpürjekdigime ynandyrdym. Bir gezek meniň paýyma özümi dani taýpasyna bagyşlamak hormaty düşdi. Lloýd hem jülgä gelen pursatlary muny başyndan geçiripdi. Ýöne ol başga taýpa bilen bolupdy. Meniň üçin bu Balýemdäki durmuşymyň iň ýokary nokady bolup durýardy. Hemmesi serdaryň ýaý bilen doňuz awlamagyndan başlandy. Ol ýaý jandaryň öňki sag aýagynyň yz gapdalyndan giripdir. Erkekleriň biri gany banan ýapragyna ýygnap aldy. Başga biri bir bölek doňuz ýagyny kesip alyp, ony eli bilen mynçgap, gan bilen gardy-da, meniň kelläme, ýüzüme, saçlaryma we aýagyma çalmaga başlady. Ol barmagy bilen öz burnuna we meniň burnuma degip, şeýle diýdi: «Eje, biz birdiris. Sen indi arkaýyn biziň obalarymyza gelip, adamlarymyzy görüp bilersiň. Saňa hiç kim zeper ýetirmez». Men birhili boldum. «Hudaýym, — men dileg etmäge başladym, — mende bu adamlara bizi doňzuň gany däl-de, Isa Mesihiň ganynyň birleşdirýändigini düşündirmäge sözlerim bolsady!» Daniler biziň çagalarymyzy hem kabul etdiler: olar Darline sebet ýasap berdiler we onda dani aýallarynyň çagalaryny göterişi ýaly, gurjagyňy depäňde göterseň boljakdy. Bernä olar ýaý ýasap berdiler we uly ösümliklerde oturan guşlary awlamagy öwretdiler. Ol öz dani dostlary bilen eňňitden halka tigirläp, oňa çenäp, taýak atmagy we naýza zyňmagy öwrenýärdi. Şonuň bilen birlikde biz ýygy-ýygydan gynanmaly hem bolýardyk. Töweregimizde köp adamlar Mesihe öz Halasgäri hökmünde ynanmankalar ölýärdiler. Ilkinji adam 1954-nji ýylda Lloýddan penisillin sanjymyny alan Hawulady. Oňa eňeginden agyr ýaralanma degipdi, bu ýerli kesel etiňi çüýredip, adamyň ýüzüni üýtgedip taşlaýardy. Iki hepdeden Lloýd ýene bu oba geleninde, ol ony gujaklap, oňa özüniň bitip barýan ýarasyny görkezdi. Adamlar Lloýdy «Isanyň iňňesi» diýip atlandyrdylar. Şeýdip, Hawula bilen dostluk medisina kömeginden başlandy. Ol basym ýakyn dostumyza we ýörişlerde ýakyn ýoldaşymyza öwrüldi. Lloýd bu adamy halaýardy we bu adamyň danileriň ýüregine Hoş habarçy bolmaga açar bolup biljegine ynanýardy. Hawulada adamlara ýolbaşçy bolmak we dil bilmek ukyplar hem bardy. Biziň ikinji gezek bu ýerde garşylaýan Täze ýylymyz danilere Täze ýylyň taryhyny aýdyp bermäge mümkinçilik döretdi. Täze ýyldan birnäçe gün öň Lloýd, men, Berni, Darli we Miron Bromli bolup, Mejik Weli (Jadyly jülge) adamlaryna Mesihiň dogluşy hakynda gürrüň bermäge gitdik. Haçanda biz birinji obalyga gelenimizde, çagalar ýakyp barýan günden goranmak üçin palmanyň aşagynda kölegede oturdylar. Töwerege ýygnanan daniler birhili pyşyrdaşyp gozganyşdylar. Biz olaryň Berni bilen Darline seredýändiklerini gördük. Lloýd çagalaryň ýanyna baryp, olaryň turmagyny haýyş etdi. Biz olaryň adam süňkleriniň üstünde oturandyklaryny gördük. Lloýd derrew adamlardan kimiň süňküdigini sorap başlady. Hiç kim jogap berip bilmedi. Soňrak biz danileriň soň yzarlamaz ýaly ölen adamlaryň atlaryny gaýtalamagy halamaýandyklaryny bildik. Adamlar pyşyrdaşdylar, ýöne öleniň adyny aýtmakdan ýüz öwürdiler. Lloýd goýmansoň, serdar pyşyrdady: «Bu Hawulanyň süňkleri». Hawula günortada ýaşaýan olokoma taýpasynyň urşujylary tarapyndan öldürilipdir. Ölenden soň olokoma taýpasy onuň jesedini pujima taýpasyna gaýtaryp beripdir. Olar ony ýakypdyrlar. Bananyň aşagynda onuň diňe süňkleri galypdyr. Biz erbet bolduk. Lloýd duran ýerinde doňup galdy. Hawula ölüpdir, Lloýd şeýle diýdi: «Meniň şu wagt aňyma diňe ýaşlykda mekdepde eşiden Hoş habarçylaryň gimni düşýär: Günde ýüz-müňlerçe ruh, Birden bizi taşlaýar. Mesihe ynanman Umyt uçgunsyz we ýagtysyz Tükenmez gijäniň garaňkysynda Ädimläp mazara barýarlar. Hudaýym, biz nädip bu gapdalymyzdan bakylyga geçip giden adama Mesih barada, halas bolmak barada wagtynda aýtman duşumyzdan geçirip bildik?» Ýüregimizde agyrlyk duýulýardy we näme üçin biz dostumyza Hoş habary aýtmankak, ol bizi taşlady diýen soraga jogap tapmadyk. Ýöne bu şeýledi. On altynjy bap Biziň durmuşymyz Seniň eliňde Danilere ynamymyz ösýärdi. Biziň çagalarymyz olaryňkylar bilen oýnap, dili çalt öwrenýärdiler. Biz danileri öňki pikir edişimiz ýaly howply diýip pikir etmeýärdik. Öz aralaryndaky uruşlara garamazdan, olar bize hiç hili zyýan ýetirmezler diýip pikir edýärdik. Biziňki nädogry bolup çykdy. Alty gezek Lloýduň ykbaly howp astynda galyp, her gezek ony Hudaý gorady. Bir gezek hemme zat bigünä ýerden başlandy. Biz täze jaýyň gurluşygyna başlapdyk. Daniler ýygy-ýygydan bize kömege gelerdiler. Bir gezek düşelgä üç sany ýetginjek gyz geldi. Biz olaryň haýsy obadandygyny bilmesek hem işlemäge rugsat berdik. Günortan wagty güýçli ýagyş päsgel berse-de, soňrak biz işimizi dowam etdik. Olar sagat üçlere çenli kömekleşdiler. Biz olara hakyny töläp, olaryň barha güýçlenýän akymdan geçjekdiklerini bilmän ugratdyk. Giçde sagat alty ýarym töweregi düşelgä ýaş urşujylaryň biri gelip, gyzlar barada sorady. Biz olaryň gidendiklerini aýdanymyzda, olaryň oba dolanyp barmandyklaryny aýtdy. Hemmeler gyzlar gark bolandyrlar öýdüp gorkdular. Ertesi güni düşelge dym-dyrslyk bolup, hiç kim gelmedi. Bu bir zatlaryň bolup geçendigini aňladýardy. Gündogarda ýodajykdan gatnaýan adamlar düşelgeden sowlup geçýärdiler. Eliz ýuwaşlyk bilen ýoda çykyp, näme bolandygyny bilmäge gitdi. Habarlar aýylgançdy: adamlar üç sany gark bolan gyzyň ýasyna barýan ekenler. Olaryň diňe biriniň jesedini tapypdyrlar, beýleki ikisini akym äkidipdir. Biz örän gynandyk we Hudaýyň beýle gynançly waka ýol bermegi bilen biz gözden düşýändigimizi aňdyk. Muňa bizi günäkärlärmikäler? Lloýd göwünli-göwünsiz ýasa ugrady, sebäbi onuň durmuşy howp astyna salynýardy. Şeýle-de ol ýere barylmasa mesele çözülmezdi. Belki Lloýd ol ýere barmak bilen biziň hem gynanýandygymyzy görkezer. Ol Eliz ikisi ýasa gitdi, Ruf bilen men çagalaryň ýanynda galdyk. Oba golaý gelenlerinde, erkekler ýas seslerini eşitdiler. Haýatyň düýbünde bir adam ýeke oturyp aglaýardy. Içerden bolup geçenleri aýdyp aglaýan erkek adamyň sesi eşidilýärdi we beýleki erkekler hem oňa ses goşýardylar. Beýleki howlularda erkekler öz kellelerine tä gan çykýança daş bilen urýardylar. Soň bolsa gygyrşyp, ses edip aglaşýardylar. Lloýd jesedi tapylan gyzyň atasyna sowgatlar eltdi. Erkekleriň biri: «Wan Stounyň hem ýüregi agyrýar. Ol aglaýar» diýdi. Ýasyň ortalarynda Lloýdy kesellini görmäge çagyrdylar. Ol düýn baryp, gyzlary soran ýaş urşujyny görüp geň galdy. Şu ýerde Lloýd näme bolup geçenine düşündi, ýaş ýigit şol gyzlaryň birine öýlenmekçi eken. Öz gynanjyny beýan etmek üçin ol özüniň birnäçe barmaklaryny çapypdyr. Lloýd edip bileninden ýaralary daňyşdyrdy, ýöne bu adamlaryň özlerine edýän jebirlerini görüp, onuň ýüregi gyýyldy. Howluda Lloýda we Elize ünsli seredýän adamlaryň toplumy peýda boldy. Dartgynlylyk artdy: obanyň üstüne bulut gelen ýaly dymyşlyk boldy. Lloýduň gaçasy geldi, ýöne munuň samsyklykdygyny bilýärdi. Ol ýasama arkaýynlyk bilen Elize Hetijime dolanmagy teklip etdi. Olar obadan gaýdanlarynda arkaýyn görünmäge çalyşýardylar. Olar gelýärkäler, dileg edýärdiler we entek danileriň gözi ýetýärkä ylgap bolmajagyna düşünýärdiler. Ahyrsoňy erkekler derýa geldiler we çaltlyk bilen ondan geçip, öýe ylgadylar. Ruf bilen men ärlerimiziň sag-aman öýe gelendikleri üçin Hudaýa alkyş okadyk. Ertesi irden Ukumhirik serdaryň inisi Ýamke biziň gapymyzy kakyp, Lloýduň serdara kömek etmegini talap etdi. Lloýd gitmelidigine düşündi. Belki serdar hakykatdan hem keseldir. Şonuň üçinem ol medisina torbasyny we pistolet aldy. Başga bir dani Elizi oýadyp, onuň hem gitmegini talap etdi. Erkekler gidensoň, Ruf ikimiz çagalar bilen ýeke galdyk. Bu zatlar nämäni aňladýarka? Haçanda Lloýd we Eliz serdaryň öýüne gelenlerinde, başga obadan gelen danileri hem gördüler. Ukumhirik serdar Lloýduň maňlaýyna geçip oturansoň, resmi dabara başlandy. Şaman aýdyma başlady, beýlekiler hem goşuldylar. Olar erbet ruhlara Lloýduň ölen gyzyň atasyna getiren sowgatlaryny galdyrmagy dileýärdiler. Soň şeýle söz sözlendi: «Wan Stoun! Sen Balýeme gelmänkäň biz garyp ýaşaýardyk. Bizde el ýuwarlar we sakgal alynýanlar, aýna we palta ýokdy, dermanlar ýokdy. Bularyň baryny sen getirdiň. Sen gowy. Emma, Wan Stoun, düýnki ýasda ýaş ýigit seni üç gyzyň ölüminde günäkärledi. Olar seni yzyňa gaýdýan wagtyň öldürmek islediler. Emma Ukumhirik serdar gelip, olary saklady. Serdara halkyň niýetini aýtdylar we serdar halky saklamaga ylgady». Lloýduň göwnüne ýüregi urmaýan ýaly boldy, emma gulagyna gelýän seslerden beýle däldigini duýdy. Ukumhirik serdar Lloýda inisi Hatunsek bilen dostlukly gatnaşygyny göz öňüne tutup, onuň janyny halas edenini aýtdy. Hatunsek aýagyny döwdürende, Lloýd alty hepdeläp kenarda tä onuň aýagy gowulaşýança seredipdi. Häzir bolsa Lloýd dek düýn özüni öldürmekçi bolan adamlaryň arasynda Hudaýdan özüni halas etmegini diläp otyrdy. Eliz bilen Lloýdy äkidenlerinden soň iki sagat geçdi. Biz näme bolýandygyny bilmän tolgunýardyk. Birden biz uçaryň sesini eşitdik. Ruf ikimiz ylgap çykyp, pilota el salgap başladyk. Erbet radioaragatnaşyk bolansoň, dostlarymyz bäş günläp biz bilen gepleşip bilmediler we olar biziň barymyzy öldürendirler diýip pikir edipdirler. Pilota bolsa düşelgeden biri çykyp, el salgamasa ýere gonmagy düýbünden gadagan edipdipler. Uçar gonanyndan soň basym Eliz bilen Lloýd geldiler we bolup geçenleri gürrüň berdiler. Lloýd ýüzüni ak tam ýaly edip, edil şu wagt ölüm jezasyndan gaýdanyny ýadyndan çykaryp bilenokdy. Şol gije biz uzak wagtlap Hudaýa minnetdarlyk bildirdik. Diňe Ol Lloýda Hatunseki iberip, onuň hormatyny we dostlugyny gazanmaga kömek etdi. Şol bir wagtyň özünde Hudaýyň mähirliligi serdaryň ýüregini ýumşadyp, oňa Lloýdy ölümden halas etdirdi. Ýene birnäçe aýdan ölüm Lloýda has hem golaý geldi. Bir gün irden Dik Lanehan, Jerri Rouz we Lloýd tagtadan edilen motorly gaýykda jülgäniň nätanyş ýerlerini öwrenmäge gitdiler. Olar Balýeme guýýan derýajykdan ýüzüp geçmekçi boldular. Günbatara geçip, olar köpri deregine ulanylýan ýykylyp ýatan agaja golaý geldiler. Erkekleriň üçüsi-de gämiden düşüp, ony töňňeden geçirmekçi boldular. Beýle tarapda agaçlaryň arasynda danileriň topary gizlenip otyrdylar. Hoş habarçylar olar bilen salamlaşyp, gämilerini uly agaja daňdylar. Olar ortalyk ýerde ýerleşýändiklerini bilýärdiler. Şol ortalyk ýerde bolsa gündizine gözegçi oturyp, duşmany yzlaýardy. Jerri gäminiň ýanynda galyp, Dik bilen Lloýd ýakyn aralykda ýerleşýän oba gitdiler. Bu dani taýpasynyň adamlary, elbetde «Isanyň iňňesi» barada eşidipdiler we olaryň köpüsi eňek agyrysy bilen keselläp, penisillin sanjymyny alaslary gelýärdi. Lloýd adamlary bejermäge başlanda, ösümlikleriň içinden bir garry duýdansyz çykyp, Dik bilen Lloýda çozmaga başlady. Naýzasyny göterip, ol şeýle haşlaýardy: «pujima selimaýk», «pujimadan gelen duşman». Hoş habarçylary olar duşmandyr öýdüpdirler. Lloýd bolup geçen wakany şeýle gürrüň berdi: «Adaty edişleri ýaly hemme erkekler naýzalaryny söýäp goýan ýerlerinden kakyp aldylar. Aýallar we çagalar gizlendiler. Erkekler naýzalaryny we ýaýlaryny çenäp, biziň töweregimizi gurşadylar. Men muny başlan adam bilen gürleşmekçi boldum, ýöne gykylyk bilen meni hiç kim eşitmedi. Bir adam biziň tarapymyzy tutjak boldy, ony aňry iteklediler. Naýzalary edil zyňaýjak wagtlary men pistoletden ýokary ok atdym. Gulagyňy deşip barýan ok sesi töweregi dym-dyrslyk etdi. Adamlar beýle sesiň çykýan ýerini bilmek üçin ýaltaklaşdylar. Meniň gaçasym geldi, ýöne men medisina enjamlarymy sumka saldym we derýa tarap gaýtdym. Dik ýodajyk bilen gämä tarap ylgady. Biz haýatdan böküp geçip, batgaly çukurdan aýlanyp geçdik. Yzyma seredenimde, men daniniň naýza zyňanyny gördüm. Men gapdala sowuldym welin, ol egnimiň üstünden şuwlap geçip, batga çümdi-de, iki ýana çaýkanyp durdy. Men duran ýerimde doňup galdym, soň täzeden gämä okduryldym. Dik birinji bolup bökdi, men hem yzysüre girip, tas onuň ökjesini basypdym. Jerri ýokaryk ok atdy, munuň hiç hili zyýan ýetirmeýänini gören ýabanylylar bize tarap ylgamagyny dowam etdirdiler. Bir sagat mundan öň daňan ýüpümi alňasap çözmäge başladym. Men ýüpi beýle köp orandyryn öýdüp pikir edemokdym. Howa ýaý we naýza oklaryndan janlanýan ýalydy. Ýüpi çözüp bolanymyzdan Jerri motory işletdi we biz ýokary tizlikde derýanyň inçejik zolagyndan öwrüm etdik. Ýöne ünsümizi başga bir duýdansyzlyk çekdi: daniler gaty ylgaşyp köprä barmakda bizden ozdular! Biziň meýilnama düzmäge wagtymyz ýokdy. Dik kenara bökdi we howa ok atýardy, Jerri töňňäniň ol başyna çykdy, men beýleki başyna çykdym. Biz gämini galdyryp çekdik. Bir sagat mundan öň kyn görnen zat, häzir örän çalt we ýeňil bitdi. Gämi bize ýelek ýaly ýeňil göründi. Biz ony çekýärkäk, men ýolumyzdaky şahany gördüm we ony döwdüm. Töňňäniň beýle tarapyndan motor suwa degenden men bökdüm we ilteşip ýüzün ýykyldym. Gämide maňa päsgel beren zadyň şaha däl-de, ýaýyň okudygyna gözüm ýetdi. Ol meniň aýagyma çümüp, beýleki ujy yrgyldap durdy. Men şaha däl-de, oka çolaşan ekenim. Dik gämä böküp mündi we biz ýene öňe okduryldyk. Urşujylar kowgyny dowam etdiler, emma ýodajygyň derýadan öwrülip gidýändigi üçin mundan ýüz öwürmeli boldular. Hoş habarçylar saklanmazlygy ýüregine düwdüler. Olar kä ýokardan asylyşýan şahalardan egilip, käte suwdan çykyp ýatan töňňelerden sowlup öňe okduryldylar. Balýem derýasyna ýetip, biraz badyny gowşatdylar, halas bolandyklary üçin Hudaýa alkyş okadylar. Haçanda düşelgä gelenlerinde Lloýduň aýagy erbet agyrýardy. Ol üstki geýmine bürenip, daniler onuň ýaý okundan ýaralanyny bilmezler ýaly ýygşyrdy. Köçedäki gykylygy eşidip, Darlin Rouz we men erkekleriň biriniň ýaralananyny bilmän garşy almaga çykdyk. Men Lloýduň agsaýandygyny, soňam çişen aýagynda çykyp duran ýaý okuny görüp erbet boldum. Jerri Rouz Lloýda kiçi operasiýa etdi. Birinjiden, ol kesip, ýarany giňeltdi, soň atagzy bilen oky çykardy. Ýöne ýokanç ýaýratmak üçin ulanylýan orhideýa agajynyň bir bölejegi ýaranyň içinde galdy. Müçenek bilen Jerri ony hem aýyrdy-da, ýarany gowy edip ýuwdy. Operasiýa Lloýduň öz hususy dermany penisillin sanjymy almak bilen gutardy. Biz bir sagatlar çemesi oturyp, nirede ýalňyşanymyzy ölçerip dökdük. Biz hiç kimiň ölmän aman galanyna örän şat bolduk. Biz erkeklerimizi halas edendigi üçin Hudaýy öwüp, Oňa uly minnetdar bolduk. Ýöne biziň şatlygymyz uzaga çekmedi. Hudaý barybir Hoş habarçylardan birini almakçy eken. Bu wakanyň bolan güni irden pilot Al Luýis howa ýagdaýlaryny bilmek üçin aragatnaşyga çykdy. Biz asmanyň bulut bürenendigini aýdyp, oňa jülgä uçmazlygy maslahat berdik. Biziň erkeklerimiziň halas bolmaklarynyň täsindigini aýdyşyp gutarmankak, uçaryň sesini eşitdik. Erbet howa zerarly Alyň uçmagy goýbolsun edendigine ynamymyz bolansoň, biz örän geň galdyk. Uçaryň günüň ikinji ýarymynda gelmegi hem geň zatdy, hemişe uçuşlar irden ýerine ýetirilýärdi. Ylgaşyp köçä çykan Jerri we Dik uçaryň hökümetiňkidigini tanadylar. Düşelgäniň üstünden üçünji gezek geçende, ol bize şeýle habarly haty taşlady: «Tizden Sentani bilen aragatnaşyga çykyň. Gynançly ýagdaý». Jerri bilen Dik radioaragatnaşygy ýola goýmaga başladylar. Radionyň batareýalary çökensoň, Sentani olary eşitmedi. Ýöne erkekler Alyň aýaly Meri Lýuisiň we Miron Bromliniň radio arkaly Al bilen gepleşjek bolýan seslerini anyk tanadylar. Ýok, bolup bilmez! Al barybir jülgä uçupdyr, ýöne gelip ýetmändir. Biziň üçin bu gije howsalaly boldy. Al we onuň uçary bilen näme bolduka? Eger pilot we uçar tapylmasa Balýemdäki işler nähili bolarka? Biz örän aladalanýardyk. Ertesi güni Aldan iň soňky habaryň sagat 9:23-de Idenburg derýasynyň boýundan gelendigini bildik. Görüp otursak, ol bütin jülgäni uçup geçmekçi bolanda asmany tutuşlygyna bulut büräpdir. Golland häkimiýeti bäş güne çeken howa gözlegini yglan etdi. Amfibiýany we onuň pilotyny gözläp, MAF uçarlary belent gaýalaryň üstünden eýläk-beýläk uçýardylar. Göni dört hepdeden Luýisiň uçarynyň bölekleri tapyldy. Uçaryň heläkçilige uçrandygy baradaky habar biziň onsuz hem ýaraly göwünlerimizi gaýgylandyrdy. Ejir çekýän ýüreklerimize gorky doldy. Hemmämiz Balýeme gelmegimiziň howpludygyny bilýärdik. Emma häzir Al Luýis ölensoň, biz uçarsyz galdyk. Biziň Hoş habarçylyk işlerimizi dowam etmegimiz indi ikuçludy. Başga-da, Lloýd ok bilen ýaralanypdy. Biz danileriň rehimsizligi baradaky rowaýatyň hakykatdygyna göz ýetirdik. Howp bize köp gezek abandy, emma bu gezekki waka biziň islendik wagt ölüp biljekdigimizi-de ynandyrdy. Heläkçilikden birnäçe gün soň Täze Gwineýanyň gubernatory çagalary we aýallary hökümet uçarynda alyp gaýtmaly diýip karar çykardy. Darlin, çagalar we men ärlerimiz bilen hoşlaşyp, Sentana uçduk. Soňra Jerri we Lloýd gürrüň berdiler, biz gaýdanymyzdan soň saklanyp bilmän möňňürip aglapdyrlar. Bizden gizläp saklan duýgulary böwsüp daşa çykypdyr. Olar gaýdyp bizi görmejekdiklerini bilýärdiler. Hakyky gorky Lloýdy gurşap alyp, ol gün-günden köpelýärdi. Bir gezek gije ýeke özi öýde wagty daşarda öýüň daşynyň ýygyrtlanan demir örtügini biriniň kakýandygyny eşidipdir. Ol diňe daňdan uklap bilipdir. Gorkyny ýeňip geçmek üçin Lloýd özüne obalara aýlanyp keselleri bejermäge şert goýupdy. Ol her gün gitme diýýän içki güýji bilen söweşip, her gezegem gorkyny ýeňerin diýen umyt bilen gidýärdi. Ine-de, aýgytly ýagdaý geldi: ýa-ha ol gorkyny ýeňip geçmelidi, ýa-da gorky ony. Lloýd hususy emläklere germelen daş howlynyň boýy bilen öňe-yza ýöräp ýördi. Ol indi dileg edibem bilenokdy. Sözler gülküli ýaly görünýärdi. Ruhy ejiri şeýle bir güýçlüdi welin, ol diňe Mesihiň ganynyň arka durmagyny dileg edip bilýärdi. Mukaddes ýazgy şeýtany diňe Guzynyň gany bilen ýeňip bolar diýýärdi. Şondan soň Lloýdy iýip barýan gorky yza çekildi. Onuň çeşmesi anyk göründi — şeýtan. Azatlyga alyp barýan ýol hem göründi — Mesihiň haçdaky ýeňşi. Hatda Lloýd ýaralanyp, oba geleninde-de, gorky ony gynanokdy. Alyň uçarynyň galyndylaryny dag gerşiniň demirgazyk tarapyndaky bitekiz eňňitlerinde tapan hem bolsalar, golland häkimiýeti ýerüsti halas ediş ekspedisiýany tehnika üçinem, adamlar üçinem mümkin däl diýip hasap etdi. Soňrak üç topar ekspedisiýa gurnaldy we olar uçara barmaga synanyşdylar. Ikinji gezekde Lloýd heläkçilik bolan ýeri tapmaklyga resmi adamlary we daşaýjylary ugratdy. Olar bir hepdeläp gitdiler we azyk harajatlary gutaryp, yzlaryna gaýtmaly boldular. Heläkçilikden dört ýyldan soň üçünji gezek uçara barmaga synanyşyk edildi. Topar agzalary öňki iki toparyň hem heläkçilik bolan ýerden bary-ýogy ýüz metrlikde saklanandyklaryny tapdylar. Alyň göwresi urgudan iki bölnen ekeni. Erkekleriň kiçeňräk topary gaýduwsyz pilot üçin gysgajyk jaýlama gullugyny gurnadylar. Balýem jülgesindäki iş dowam etdirilmelidi. Biz örän gynanyp döwlen hem bolsak, Al Luýisiň ýagty ýadygärligi bizi hereket etmäge çagyrýardy. On ýedinji bap Meni jaýlajagyňa söz ber Çagalar bilen meniň jülgä dolanyp barmazymyň öň ýany, hökümet ol ýerde uçuş zolagyny gurmagy talap etdi. Uçarlar indi durnuksyz Balýem derýasyna gonup bilenokdylar. Gündogarda bürgütleriň gerşi Aýgaýk derýasy bilen parallel gelýärdi. Geriş daş haýatlar, baglar we obalar bilen örtülendi we bu iň oňaýly ýerdi. Hiç hili tehnikasyz we häzirki zaman guralsyz bu ýerleri uçar gondurmaga taýýarlamalydy. Serdar we şaman işi başlamaga rugsat berdiler. Obalara kömek sorap habarlar iberildi. Iş üçin tölemegi söz berdiler. Kyrka golaý adam günde işleýärdi, ýüz sany agaç çapyldy, köklerini ýakdylar, on bäş sany daş haýatlar söküldi we daşlary bir-birden meýdançanyň gyrasyna göçürildi. Käbir ýerlerde bir metr topragy aýryp, meýdançanyň gyrasyna geçirdiler. Käbir daşlar gaty uludylar we olary gat-gat eredip almak üçin üstünde ot ýakdylar. Iş her gün irden giç agşama çenli dowam edýärdi. Kem-kemden bitekiz ýer uzyn tekiz ýodajyga öwrüldi. Iki aý geçmänkä Hetijima uçuş zolagy ilkinji uçary kabul etmäge taýýardy. 1955-nji ýylyň iýulynda Berni, Darlin we men ýene-de Lloýd daga goşuldyk. Men öz jülgedäki öýümize, öz ärimiň ýanyna gelenime örän şatdym. Durmuş ýene öz akymyna geldi. Birnäçe aýlaryň dowamynda ýerli daniler örän dostlukly we parahatçylygy söýüjidiler. Gorkular ýatyşdylar, Hetijima halkynyň beýleki taýpalar bilen Hoş habary paýlaşmaga mümkinçilik berjekdigine biz ynanýardyk. Ýöne ýene maňa jülgedäki gulluk gutaran ýaly boldy. Men çyndan keselledim. Gyzgynym kyrka çenli göterildi we içim gaty agyrýardy. Biz Sentana habar etmekçi bolduk, emma bu ýerde gök gürrüldeýärdi we aragatnaşygy ýola goýup bolmady. Bu daşardan kömegiňem bolmajagyny, ýagny uçar bilen lukmanyň hem gelmejegini aňladýardy. Eger kesel ýokançly bolsa, gatnaşykdan daşrakda bolmak maksady bilen Lloýd, Berni we Darlin beýleki otagda dileg edýärdiler. Bir pursat Darlin meniň krowatymyň ýanynda çöke düşüp, Hudaýdan ejesiniň janyny halas etmegini dileýärdi. Men ölümden gorkmasamam, ölýändirin öýdüp pikir etdim, emma otda ýakylmak pikirinden tisginip gitdim. Dani medeniýeti ölenleri otlamagy talap edýärdi. Şonuň üçinem men Lloýda ölsem meni gömjekdigine söz bermegini soradym. Ol meniň islegimi kanagatlandyrjakdygyna meni ynandyrdy we hatda ýer hem saýlady: edil düşelgäniň golaýjygyndaky depejikde, agajyň ýanynda. Tabyt bejermäge tagta bolmansoň, öýüň niresinden ony söküp alyp boljagyny hem ölçerip goýdy. Bu soraglar çözülenden soň, men özümiň asmana çekiljegime garaşyp başladym. Biz Lloýd ikimiz özümizi gahryman hasaplamyzokdyk. Biz ikimiz hem ölüm howpuna duçar bolupdyk. Men — keselden, ol — danileriň çozmagyndan. Hiç zat tölemän Hoş Habary Balýem jülgesine getirmek mümkin däldi we eger muňa biziň janymyz gerek bolsa, biz gynanmaýardyk. Lloýd Elizi doktor Bromliniň öýüne kömegi degäýjek bir zatlar gözleşdirmäge iberdi. Ýarygije Lloýd Hudaýdan meni nädip bejermelidigini biler ýaly akyl diläp başlady. Onuň kellesine bir pikir geldi, ol garnyma gyzgyn el süpürgiçleri basmaly diýen pikirdi. Başga etmäge zat bolmansoň, ol şeýtdi we garaşyp başlady. Soňrak Eliz doktoryň öýünden hiç zat tapmandygyny, ýöne aýratyn ýagdaýlarda näme etmelidigi ýazylan kagyzjyklary tapandygyny aýdyp geldi. Geň galmaly ýeri, Lloýd bir kagyzda şeýle ýazgyny okady: «Eger bu gepatit bolsa, ony keseliň başlarynda tanamak kyn. Deri birnäçe günden saralýar. Garnyň ýokarky böleginde gaty agyry duýulan mahaly, şol ýere gyzgyn gury el süpürgiji bassaň, agyry kemeler». Gün-günden gowşaýardym. Alty günüň dowamynda radiogatnaşygy ýola goýup bolmady, şonuň üçinem kömek geler diýen umyt ýokdy. Bir gezek irden uçaryň sesini eşitdik, emma pilot derrew gonup bilmedi. Oňa düşelgäniň üstünden uçup geçmek görkezmesi berlipdi. Eger biri çykyp el galgatmasa, onda barysynyň öldürilendigidi. Ol ýaşaýyş bardygyna göz ýetirip gondy. Lloýd meni göterer ýaly zemmer bejerip, Eliz ikisi meni uçar zolagyna eltdiler. Berni we Darlin bu wagt öýde ýokdular, şonuň üçinem men olar bilen hoşlaşyp bilmedim. Haçan biz uçanymyzdan soň, Lloýd olary daşdan edilen germewiň ýanynda çöke düşüp, ejesine dileg edýän wagtlary tapdy. Men Hollandiýada sekiz hepde boldum. Haçanda men jülgä dolananymda Ukumhirik serdar örän begendi. Ol Lloýdy itekläp, meni gujaklady. Men bärde ýokkam, ol Lloýduň hat ýazýan maşynkasyndan peýdalanyp, maňa hat ýazmakçy bolupdyr, emma birnäçe harpy birbada basypdyr, şonuň üçinem Lloýduň haty bilen bile iberen kagyzynyň ýüzünde bulam-bujarlykdan başga zat ýokdy. Şonda-da serdar öz ýollan hatyna meniň düşünendigimi ýa-da ýokdugyny sorady. — Elbetde, düşündim — diýip, men ony ynandyrdym. — Siz Eje Wan Stounyň basym gutulmagyny isläpsiňiz. — Şol! Şol! Sen oňa düşünipsiň! — diýip ýylgyryp gygyrdy. Lloýda düşelgäniň ýanynda meni jaýlamagyň gerek bolmandygyna men Hudaýa gaýta-gaýta alkyş okadym. Jülgede birinji möhletimizi ýaşap, biz ABŞ-a dynç almaga gitdik. Bizi goldaýan ybadathanalar bizi gyzgyn garşy aldylar. Lloýd Louel Tomas bilen duşuşyp, köp çykyşlar etdi. Biz dünýäniň iň eldegrilmesiz medeniýetine baryp girenimiz üçin Hudaýa minnetdardyk. On sekizinji bap Eje, ýadygärlik näme? 1959-njy ýyl geldi. Dynç alyş wagtymyzdan iki ýyl ötdi. Täze Gwineýada indi biz ýedi ýyl ýaşaýardyk. Olaryň bäşisi danileriň arasynda geçdi. Danileriň dilini we medeniýetini öwrenmekde ajaýyp dilçi Miron Bromli köp üstünliklere ýetdi. Beýleki Hoş habarçylar hem bize goşuldylar. Biziň bilşimizçe işleri ýene birnäçe ýyl dowam etse boljakdy. Ýöne bir gezek irden biz gyssagly habar aldyk. Sentani ştaby radiohabar iberipdi: «Lloýd, uçuş zolagyna bar. Pilotda seniň üçin wajyp habar bar». Sentanide guralan täze Hoş habarçylar mekdebine Berni bilen Darlin gatnaýardylar we habar şolardan bolmaly. Radio üsti bilen gynançly habar berilmesiz edilipdi. Bize diňe garaşmak galýardy. Hudaýjan, bu nämekä? Lloýd ikimiz uçuş zolagynda sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Uçar gonup, biziň deňimizde saklanandan, pilot kabinadan gygyrdy: «Bu Berni». — Uçaryň dwigatelleri ýuwaşady. — «Berni ýitdi, Darlin ol barada hiç zat bilenok, ol gaçypdyr!» Içimde bir zat ölen ýaly boldy. Lloýduň dyzlary saňňyldaýardy, köşeşmek üçin ol uçara tirsegini diredi. Kellä erbet pikirler gelýärdi. Berni? Gaçypdyr? Sentani mekdebi öwrenilmedik ýerleriň golaýyndady. Ýodajyklar zordan görnüp, otluklarda bolsa ýylanlar köpdi. Dokuz ýaşlyja oglanjyga gije gaçmaga näme sebäp bolduka? Ol nirede bolup biler? Berni garaňkylykdan gorkýardy. Ol hiç wagt ilki Darlini girizmän, garaňky otaga girip bilmezdi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Darlin ol muny edeplilikden edýär diýip düşünerdi. Meni gyssanmaç ogşap we göwnümi götermek üçin birnäçe sözleri aýdyp, Lloýd gyssagly uçara böküp münüp, pilot bilen bile uçmakçy boldy. Gaty ses bilen aglap, men ýuwaşjadan öýe barýardym. Birnäçe minutdan ýanyma Darlin Rouz geldi we biz ikimiz Hudaýa dileg etdik. Hudaýym, sen Berniniň nirededigini bilýärsiň! Sen ony tapmaga kömek et! Yzyňa seredip düşünýärsiň, bizi taşlamak we Sentani mekdebine gitmek zerurlygy Berniniň sustuny basdy. Ol Darlin ikisi Balýemdäki durmuşa çalt öwrenişdiler, olar dani dilini öwrendiler, başga çagalar bilen oýnaýardylar, taýpanyň geň däp-dessurlaryny öwrenýärdiler. Emma dokuz ýaşlyja Berni jülgede zyýan etjek howpa-da oňat düşünýärdi. Ol, Lloýd ýaralanyp, biziň üstümize howp abananda-da biziň ýanymyzdady. Berni bize Balýemde ölmeli bolarys diýip pikir edendigini-de aýdypdy. Ol köp gezek biz barada alada edýändigini görkezipdi. Jülgede ilki gelen ýyllarymyzda iki çagamyza-da özüm okuw öwrederdim. Ýöne dynç alyşdan dolanyp gelip, dokuz ýaşly Bernini we sekiz ýaşly Darlini Sentanidäki Hoş habarçylaryň mekdebine berdik. Berni başyndan muňa garşy boldy. Ol hiç wagt bizi taşlamajagyna söz berýärdi. Haçanda biz ony mekdepde galdyranymyzda ol örän gorkdy. Onuň biziň howpsuzlygymyz baradaky aladasy ynjalyksyzlyga we gorka öwrüldi. Bu dokuz ýaşly çaga üçin agyr ýükdi. Ýöne bizde bu meseläniň başga çözgüdi bolmady. Gulluga çagyrylanymyza boýun bolanymyzda, pida bolmaklyga hem zerur bolmalydygymyza düşünýärdik. Hoş habarçylar köpçüligine wepalylygymyzy saklamalydygyna hem oňat düşünýärdik. Bu Darlin we Berniniň 180 milde ýerleşýän mekdebe hökman barmalydygyny aňladýar ýa-da bize ABŞ-a dolanmak gerekdi. Entek biz Darlin Rouz ikimiz habara garaşýarkak, wagt örän haýal geçýärdi. Men gaýta-gaýta gorkunç zatlary göz öňüne getirýärdim. Birden ony tapmasalar ýa-da ölüsini tapsalar. Eý Hudaý, Sen beýtmersiň... Ahyrsoňy günortanlar radiopriýomnikden Lloýduň sesi eşidildi: «Doris, Bernini tapdyk, ol özüni oňat duýýar. Men soňra hemmesini düşündirerin…». Şol gün Lloýd jülgä Darlin we Berni bilen dolanyp geldi. Uçuş zolagynda durup gujaklaşyp aglaşdyk we biri-birimizi gujaklap, ýeňillik bilen Hudaýyň ýene bizi bile duşuranyna begendik. Ýuwaşlyk bilen men näme bolanyny bildim. Bir gün öň Berni jigisiniň otagyna hemme çyralar öçürilensoň gelipdir. — Darlin, men hökman jülgä dolanmaly, men ejeme we kakama gerek. Şonuň üçinem gaçmakçy bolýaryn. — Berni, sen beýdip bilmersiň… — Men etmeli. Men dani diline düşünýärin, eger çozmakçy bolsalar ejemi, kakamy halas edip bilerin. Eýsem, sen düşünmeýärmisiň? Darlin, haýyş, söz ber, hiç kime aýtmajagyňa söz ber. Haýyş! — Söz berýän. Ol sözünde durupdyr. Berni ýuwaşlyk bilen jaýdan çykyp, uçaryň duran ýeri bolan jaýa tarap, ýagtylandyrylmadyk ýodajyk bilen gidipdir. Gaçmagy çaga şeýle meýilnamalaşdyrypdyr: ol uçarda bukular, haçan pilot jülgä uçanda, ejeseini, kakasyny görer! Ol iki gat eşiklerini hem geýipdir, sebäbi ol eline goş alyp biljek däldi. Jaýa girip, ol uçary sermenip tapdy welin, onuň gynanjyna gapylar ýapyk ekeni. Ol bir bukuda ýatyp, ertir uçara zat ýüklenýän mahaly böküp münmegi ýüregine düwdi. Diwara söýelen basgançak bilen jaýyň içinde ýerleşen iş otaga girmegi başardy. Ýükleriň aňyrsyna geçip, ol uka gitdi. Daň atdy. Berni entek uklap ýatyrdy. Pilotyň gelmegem, dwigatelleriň sesi hem, ýük ýüklenmegi hem ony oýaryp bilmedi. Emma haçanda Lloýd jülgeden uçup gelende (eýýäm sagat 11-di) Berni Jerri Rouz bilen jaýda durdy. Mugallymlary Berni bilen Darlini bir hepde öýüne ibermegi teklip etdiler, bu olara öýlerinden uzakda ýerleşýän mekdebe oglanjygyň öwrenişmegine kömek eder diýip olar düşünýärdiler. Ýöne hepdäniň ahyrynda Berni bizden ýene-de: — Men ýene mekdebe dolanmalymy? — diýip sorady. Içki agyrymy duýdurmazlyga çalşyp, men: — Eger sen dolanmasaň, biz bu ýerde galyp bilmeris — diýdim. Hudaýym, bizi dogry netijä gelmäge kömek et — diýip, meniň ýüregim gygyrýardy. — Gel, ikimiz Hudaýa dileg edip, Onuň bizden näme isleýändigini soraly — diýip, teklip etdim. Ertesi güni irden Darlin öz otagyndan ykjam daralan saçlyja, ýygnagly çemedanly çykdy. — Sen näme karara geldiň, mähribanym? — diýip soradym. — Men mekdebe dolanýaryn, eje — diýip, ol jogap berdi. — Emma Isa näme üçin bizden şeýle kyn zatlary talap edýär? Men gyzyma jogap berip bilmedim. Gözüme ýaş gelip, men agladym. — Men bilemok. Ýöne Ol bu zatlary bizden isleýär. Ine, bar berip bilen jogabym. Berni öz kararyny üýtgetmedi. Ol mekdebe barmakdan ýüz öwürdi. Ýüregimize daş baglap, Lloýd ikimiz oňa mekdebe dolanmagyň hökmandygyny aýtdyk. — Berni, — men düşündirmäge çalyşýardym, — käwagt biz nämä gerekdigini düşünmeýän zatlarymyzy etmeli bolýarys. Ejeň, kakaň seni mekdebe goýbermese, biz Täze Gwineýada galyp bilmeris. Biz seni örän gowy görýäris. Berni, gerek wagty biz geleris. Berni entegem maňa dykylyp durdy we men ony güýç bilen itekläp aýyrmaly boldum. Edil öz göwrämiň bölegini aýyrýan ýaly boldum. Lloýd ikimiz bu netijäniň geçirimsizdigine düşünýärdik — nädip biz çagalary özümiziň olara iň gerekli wagtymyzda ýeke galdyryp bilýäris? Haçanda biziň durmuşymyz birsyhly howp astynda galýarka, nädip biz olara uzakda ýaşamaga haýyş edýäris! Belki Hudaý muny talap edýänem däldir. Emma bu näçe geňem bolsa, biz Hudaýyň özümizi şu jülgä çagyrýandygyny bildik. Onuň erki ýalňyşsyzdy, gönümeldi we aýdyňdy. Hemme zat şuňa diredi: ýa çagalar mekdebe dolanmalydylar, ýa-da biz ABŞ-a gaýtmalydyk. Hudaýym, Sen nädip bizden beýle netijä garaşyp bilýäň? Elbetde, Seniň talabyň üýtgewsiz. Çagalary Sentana gaýtaryp getirdik. Berni entegem öwrenişmeýärdi. Ol iýmeýärdi, hiç hili iş etmeýärdi we gepleşmekden ýüz öwürýärdi. Biz meniň Sentana gidip, Berni bilen birnäçe gün bile bolmaly diýen karara geldik. Men gelmezimden öň ol iki günläp aglapdyr. — Berni, maňa näme üçin gaçanyňy aýdyp bersene. Men saňa jeza bermerin, maňa ýöne gürrüň beräý. — Ýok, ýok, — ol krowatda ýüzin düşüp ýatyşyna aglaýardy. Onuň gürleşer ýaly ýagdaýy ýokdy. Ertesi güni ol ýene iýmekden ýüz dönderdi, möňňürip aglamasy bolsa ýuwaşja horkuldama öwrüldi. Ol maňa näme üçin gaçanyny hem, näme azar berýänini hem aýtmady. Üçülenji gün men näme etjegimi hem bilmedim. Eger ol basym gürläp we iýip başlamasa, biz ABŞ-a gaýtmaly bolarys. Ýaraly ýüregim bilen dileg edip agladym, bu bulaşyklygyň basymrak gutarmagyny diledim. Berni ahyrsoňy gürledi. — Eje, men seniň bilen gürleşmekçi — sakawlap, ol aýtdy. Men oturyp, ony gujakladym. — Eje, ýadygärlik näme? — diýip, ol sorady. — Ýadygärlik — bu kimdir bir öleni ýadyňda saklamak üçin gurlan zat — diýip, men düşündirdim. — Eje, Darlin ikimizde galjak bar zat şol, eger men seniň bilen jülgä gaýtmasam. — Ol meniň dyzlaryma ýykyldy we onuň göwrejigi içigip-içigip silkinýärdi. — H-haýyş, hiç wagt maňa s-senden aýrylmagy h-hökmanlama. Men s-seniň aýdan ähli z-zatlaryňy ederin. Ýöne m-maňa gal diýip h-haýyş etme. Bu meniň ýüregimi agyrtdy. Berni özüni edil meniň çagalar öýünde galdyrylyşym ýaly duýýardy — gapdala iteklenen, düýbünden ret edilen. Men öz çagama beýle ýekirlenmegiň sylagyny edip biljek däldim. — Berni, seni hiç wagt ýeke goýmajagyma söz berýärin. Hiç wagt! Dynç alyş wagtynda bolan waka Berniniň soragyny gaýtadan döretdi. Onuň Blondi atly güjüjegi bardy. Bir gezek ol köçä ylgap çykyp, maşyn kakypdy. Atasy güjüjegi howlunyň yzynda jaýlapdy. Meniň oglum bolsa oňa taýajyk dikdi. Bu onuň söýgüli güjüjigine ýadygärlikdi. Eger ol jülgä gitmese, ejesi bilen kakasyndan bar galjak zat şu bolar diýip pikir edýärdi. Ony hiç wagt ýeke galdyrmazlyga söz berenimden soň, Berni gorkularyndan aýňaldy. Lloýd ikimiz Sentanide galmaga oňaýly ýer bolmansoň, biz ABŞ-a gitmäge taýýarlandyk. Ýöne meniň esasy maksadym Berni bilen Darlini halas etmekdi. Hudaý bize Balýemde ilkinjiler bolmagymyzy buýurdy. Hasyly kimdir başga birleri ýygnamalydy. Biziň hasylymyz bolsa oglumyz we gyzymyzdy. Ünsden düşürip bolmajak ýene bir mesele ýüze çykdy. Meniň saglygym ýaramazlaşdy. Men ýene 90 funta çenli horlandym. Lukman eger men basym medisina kömegini almasam, meni Balýemde ýerlemeli boljakdygyny aýtdy. Biziň Balýemdäki Hoş habarçylyk gullugymyzyň basym gutarjakdygyny biz şatlyksyz garşylamaly bolupdyk. Bizi çözülmesiz meseleler gurşap aldy. Bizi Hudaý çagyrypdy, indi bolsa yza dolanmalydyk. Meniň ýadyma Darliniň: «Näme üçin Isa bizden şeýle kyn zatlary talap edýär?» diýen soragy tiz-tizden düşýärdi. On dokuzynjy bap Hoş gal, jülge Gaýtmaly wagtymyz geldi. Biz biri-birine gapma-garşy duýgular bilen göreşýärdik: biziň ýüreklerimiz Hudaýyň çagyran ýeri bolan Täze Gwineýadady, emma Hudaý tarapyndan berlen ata-enelik borjumyz we meniň saglygym watana dolanmaga mejbur edýärdi. Gaýtmazymyzdan öň biz jülgäniň çetindäki täze Hoş habarçylar bekedinde ýaşaýardyk. Pilot bize birnäçe ýyl mundan öňki biziň düşlemäge kömek eden Hetijimadaky uçuş meýdançasynda gonmagy söz berdi. Biz ol ýerde bir maşgala bolup işledik we ýaşadyk. Bu biziň üçin öýe dolanmak ýalydy. Uçmazymyzyň öň ýany pilot Hetijima habar edip, biziň biraz bu ýerde eglenjekdigimizi aýtdy. Bu habar tiz ýaýrady. Haçanda uçar gonanda, ol ýerde serdaryň inisi Ýamakeden başga hiç kim ýokdy. Ol başgalaryň hemmesiniň doňuz öldürip, biziň üçin obada oturylyşyk guramaga taýýarlanýandyklaryny aýtdy. Olar bizi bu ýerde birnäçe sagatlap saklanarlar öýdüpdirler. Bularyň myhmansöýerligine näçe minnetdar bolsagam, biz gaýtmaga mejbur bolduk. Pilot bize gaýta-gaýta bu ýerde galmaly däldigimizi ýatladyp duransoň, biz derrew uçmaly bolduk. Biziň gaýtmalydygymyza diýseň gynanan Ýamake bizi gujaklap: «Wan Stoun, biz seniň diýenleriňe düşünmedik, eger düşünsek, soň size habar ederis — söz berýäris» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýdip, biz ol ýerden uçduk. Pilot biziň iň soňky gezek oba göz gezdirerimiz ýaly, düşelgäniň üstünden bir öwrüm etdi. Berni Darliniň soragyny gaýtalap: «Eje, näme üçin Isa bizden kyn zatlary talap edýär?» — diýdi. Biz bu adamlara durmuşymyzy bagyş edenem bolsak, Lloýdam, menem bir danini-de Isa Mesihe bolan ynama getirip bilmedik. Biz indi girjeklere kömek edip, gapyny açyp beren ilkinjilerdiris. Biz ABŞ-da Tehasda, Hýustonda ýerleşdik. Meniň saglygym gowulaşansoň, biz ybadathanalara aýlanyp, biziň üçin dileg we sowgat kömeklerini eden adamlara minnetdarlyk aýtmaga başladyk. Biz köp mesihileriň näme üçin gullukdan yzymyza dolanandygymyza düşünmeýändiklerine göz ýetirdik. Bir aýal dileg edip bolanyndan soň, bizi gapyda saklady: «Sizden göwnümiz galdy. Näme üçin siz ol ýerdäki ýagdaýy Hudaýyň düzederine bil baglamadyňyz? Ol siz we siziň çagalaryňyz hakda alada edýär» — diýdi. Men ybadathananyň girelgesinde durup agladym. Köpler üçin Hoş habarçylaryň işinde esasy — başdan geçirmeler we gahrymançylyk. Haçanda sen durmuşyň talaby bilen öýüňe dolansaň, olar saňa düşünenoklar. Hudaýym, maňa hemişe adamlaryň öňünde däl-de, Seniň öňüňde jogapkärdigimi ýatda saklamaga kömek et. Şeýle-de bizi köp adamlar goldaýardylar. Hudaýda biziň ABŞ-daky durmuşymyzyň meýilnamasy bardy. Ol täze gulluga mümkinçilik berip başlady — başgalary Hoş habarçylyk işine höweslendirmek. Şaýatlygy «Güýç» žurnalynda çap edilen bir aýal Lloýduň wagzy esasynda ynama gelipdi. Ol şeýle ýazdy: «Ukumhirik serdar adamlaryna öldürtmän alyp galmak bilen Lloýd Wan Stounyň ömrüni halas etdi, men bolsa öz günälerim sebäpli Mesihiň Özüni gurban edenligi hakyndaky hakykaty eşitdim. Bu hakykat Balýem jülgesinden gaýdan ýaý oky bolup, meniň ýüregimi deşdi we meni täzeden döretmäge synanyşýan Halasgäre ýol görkezdi». Hawa, Hudaý bizi ABŞ-da hem ulanyp biler. Haçanda topar bize kömek etmesini bes edende, Lloýd Hýustondaky Ford awtomobil kompaniýasyna işe durdy. Ol ýerde ol birnäçe ýyl işledi, dynç alyş günleri bolsa dürli ybadathanalarda wagyz etdi. 1965-nji ýylda Hudaý bizi hemişelik ruhanyçylyk gullugyna iberdi. Biziň köp sanly meselelerimiziň we gyzyklanýan zatlarymyzyň bardygyna garamazdan biz Balýem jülgesindäki işler bilen gyzyklanýardyk. Ol ýerde dilçiler işläp, bu baradaky päsgelçilikleri aradan aýryp, danileriň medeniýetini öwrenýärdiler. Hoş habar bütin aýdyňlygy we güýji bilen herekete girdi. Oglumyz Berni jülgede ýaşap, dosty Agalawyň Mesihe ynanmagyny dyngysyz dileg edýärdi. Balýemde ýaşaýan mesihiler Ben bilen Ruf Karşeski Bernä jülgeden hat iberenlerinde, biz üçünji ýyl ABŞ-da ýaşaýardyk. Bir gezek Agalaw Bernä aşak egilsene, gulagyňa bir zat aýtmakçy diýdi: «Ejeme we Tuan Wan Stouna aýt, biz ynanyp başladyk» diýdi. Biziň bilşimizçe, Agalaw Balýem jülgesindäki Mesihe uýan danileriň ilkinjisidi. Uçuş meýdançasynda şeýle tolgundyryjy hoşlaşan Ýamake hem indi mesihi boldy. 1975-nji ýylda Rouzlaryň maşgalasy jülgä baranda bizi bilýän ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi biz hakda sorapdyrlar. — Olar nädip siziň ýadyňyzda galdylar? — diýip, Darlin sorapdyr. — Olar hem edil siz ýaly Isa Mesih barada gürrüň beripdiler — diýip, olar jogap beripdirler. Hudaýyň ilkigurnaýjy hoş habarçylar bolmagymyza kömek etmegi biziň üçin uly hormatdy. Biz hemişe Onuň öňünde bergili. Biz hiç wagt Balýem jülgesiniň adamlarynyň howsalasyndan azat bolup bilmedik, ýöne ony başgalar bilen deň bölüşdik. Soňky Hoş habarçylar gurultaýynda kimdir biri sorady: — Siziň Täze Gwineýadan gaýdanyňyza näçe wagt boldy? — On bäş ýyla golaý — diýip, men jogap berdim. — Bolup bilmez! Siz iň soňky uçarda gelen ýaly gürleýärsiňiz, — geň düşündiriş jogap boldy. Biz nirede bolsagam: Denwerde, Minneapolisde ýa-da Çikagoda — Şangri-La bu biziň hemişe aňymyzda we ýüregimizde boldy. Biz dileglerimizi dowam etdik: «Hudaý, biziň ýüreklerimizde ýanýan ody öçürmän sakla. Biziň Täze Gwineýa bolan höweslenmämizi gora, sebäbi biz ony başgalar bilen bölüşmeli». Gökde Reb Isanyň kürsüsiniň öňünde bizi hemme mesihi daniler bilen birleşdirjek waka biraz soňrak bolup geçer. Balýem jülgesinde Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagyna garaşýarkak, biz hemme Hoş habarçylar bolup duşuşarys: Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi we ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy. Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!». Ylham 7:9-10 Ýigriminji bap Döwlen ýürekleri bejermek Wideo lentalarymyzy görkezmek we Balýem jülgesindäki işlerimiz hakynda aýallar toparyna gürrüň bermek üçin meni Kanzas şäheriniň oba klubuna çagyrdylar. Olaryň biri beýlekisiniň gulagyna pyşyrdady: — Bu aýal näme edipdir? Ol näme aýdyp biler? — O, ol aýal Hoş habarçy bolupdyr! — Hoş habarçy! Bolanymy? — Şondan soň ol aýal turup gitmekçi boldy, emma zalda adam köp bolup, ol gapa çykyp bilmän dyknyşykda galdy. Ol islese, islemese Hoş habarçyny diňlemeli boldy. Wideo lenta görkezilenden soň menden gysgaça nädip Hoş habarçy bolanymy aýdyp bermegimi soradylar. Turup gitmekçi bolan aýal meniň başdan geçirenlerimi diňläp, ýygnakdan soň ýanyma gelip gürleşmek isledi. Ol örän täsirlenipdi, özüni ýitiripdi. Emma birnäçe minutdan soň ol eýýäm Mesihe öz Halasgäri hökmünde ynanmaga taýýardy. Indi ol ýygnakdan turup gidip bilmän galanyna bagtlydy. Şeýle wakalar meni ruhlandyrýardy. Şundan soň Täze Gwineýadaky Hoş habarçylyk gullugymyzyň duýdansyz gutarandan soň, Hudaýyň bizi ABŞ-da şeýle ulanmagyna ynanyp bilerismi? Lloýd ikimiz özümizi dünýäniň dürli künjegindäki ýaşlary Hoş habarçylyk gullugyna çagyrmaklyga bagyşladyk. Öz başdan geçirmelerimi nirede gürrüň bersem-de, hökman kimdir biri ýanyma gelerdi. «Dori, men saňa oňat düşünýärin. Meniň enem-atam hem meni ýigrenýärdi». Soň olar göwnüne deglen ýa-da ýekirilen çaganyň gürrüňini, ýa-da çagalar öýüne tabşyrylyşyny gürrüň bererdiler. Käbirleri şeýle bir wakalary gürrüň berýärdiler welin, olary eşidenimde men olaryň iň bagtlysy bolup galýardym. Köpleri ene-atasynyň aýrylyşmaklarynyň nähili agyr degendigini aýdýardylar. Köplenç çagalary garyndaşlaryna taşlaýardylar, är-aýal gatnaşygyna tutaryk edýärdiler we başga ýol bilen göwnüne degýärdiler. Hudaý maňa köplenç meniň tejribämi çagalygynda göwnüne deglenler bilen iş geçireniňde ulanyp boljakdygyny ýatladýardy. Emma Pawlusyň ýazyşy ýaly, «Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär» (2 Korintoslylar 1:4). Men hemişe agyry gören bir ýürek beýleki bir ýüregiň agyrýanyny bilýär diýýärdim. Meniň ejirlerden doly çagalygym maňa başgalara şeýle diýmäge rugsat berýär: «Men seniň näme duýýanyňy bilýärin». Döwlen durmuşy seýiklemegiň başlangyjyny Isa Mesihe ynanmakdan başlanýandygyna ynamymy adamlar bilen bolan köpsanly duşuşyklar berkitdi. Aýallar ýygnagynda öz geçmişimi aýdyp berenimden soň, olaryň biri meni öz öýüne çagyrdy. Onuň egninde gymmatbahaly köýnek we monjuklar, ellerinde bilezik, brilliant gaşly ýüzükler bardy. Men onuň hemme ýerine barhat çekilen öýüne geldim we owadan diwanda oturdym. Aýal aglamaga başlady. — Dori, meniň adamym belli fabrikant, ol häzir hem işli. Men bolsam nerwi agyryma çydap bilemok. 24 sagadyň dowamynda köşeşdiriji däri-dermanlary iýýärin, lukmanlara we psihianalitiklere gatnaýaryn. Men näme etmeli? — Siz Isa ýüz tutup gördüňizmi? — Ýok. Men Hoş habarçylygy has ýönekeý düşündirmäge çalyşdym: Mesih bizi halas etmek üçin öldi. Ol ýaraly ýürekleri Öz söýgüsi bilen bejerýär. Birnäçe minutdan ol meniň çagalar öýünde gelen kararyma geldi. Ol Hudaýdan geçirim sorady we öz durmuşyny dolulygyna Mesihe berdi. Bir gezek ol meniň ýanyma geldi: — Dori, meniň ýüregim ýaralanan, ärim ikimiz aýrylyşdyk. Emma Isa bilen men muny ýeňip geçip bilerin. Ret edilmegiň we gaýgy-aladanyň toruna düşen adamlar Mesih bilen bile ony gyryp taşlap bilerler. Lukanyň Hoş habarynda meniň iň gowy görýän Mukaddes Ýazgy bölegi bar. Mesih Işaýa pygamberiň kitabyny alyp okady: «Rebbiň Ruhy üstümdedir! Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesih etdi, Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga ... iberdi». (Luka 4:18). Mesihde göwün ýaralarynyň dermany bar. Men Hudaýyň biziň çekip bilmejek zadymyzy ýüklemejegine ýürekden ynanýaryn. Adamlar ýygy-ýygydan maňa aýdýarlar: «Dori, eger sen meniň başdan geçirenlerimi bir bilsediň». Meni Mukaddes Ýazgynyň setirleri haýran edýär: „Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Korintoslylar 10:13). Öň kimdir biriniň başdan geçirmedik synagy ýa-da elhençligi ýokdur. Bu göwünlik berip biler. Hiç bir ýagdaý ägirt däldir, hiç kim aýdyp bilmez: Men öz gussam bilen ýeke, hiç kim bu ýagdaýa düşüp görmändi. Mesih, Beýik Halasgär eýýäm sansyz adamlara kömek etdi we olaryň meseleleri siziňkiden we meniňkiden has çökderdi. Döwlen durmuşy seýiklemekde indiki ädim — ýamanlyk eden adamy bagyşlamaklykdyr. Bir soragy maňa hemişe berýärler: «Dori, eýsem sen öz ejeňden öýkeläňokmy?» Meniň jogabym: «Ýok». Men çagalar öýünde ýaşaýarkam we ondan soňky birnäçe kyn ýyllarda öýke-kine duýýardym. Emma onuň hiç wagt maňa ýüzlenmejegini bilip, men ony bagyşladym. Öýkeledileniň iň uly ýalňyşy, onuň bagyşlap bilmejekdigine, sebäbi hiç hili islegiň ýokdugyna ynanmagydyr. Ýöne bu bagyşlamak — duýgy däl. Adam isleýändigine ýa-da islemeýändigine garamazdan bagyşlamak kararyna gelip biler. Köpler öz duýgularyny ýeňip, tebigy isleglerine «ýok» diýýär we berk aýdýarlar: «men bagyşlaýaryn». Bagyşlap bilýän adam Hudaýyň bagyşlanydyr! Başga-da yza ser salyp, ejemiň töwerek-daşyň gurluşynyň pidasy bolmagy ahmaldygyna men düşünýärin. Men onuň geçmişi barada hiç zat bilmeýärin. Belki, ol bagtsyz maşgalada ösendir we onuň ene-atasy ondan ýüz dönderendir. Ýöne Mesihsiz, Hudaýyň kömeginiň gerekdigine düşünmezligi ony öz hususy ýigrenjine, gaýgysyna we günäsine getiripdir. Adamlar är-aýal bolup ýaşasalar-da, biri-biriniň göwnünde nähili agyrynyň bardygyny bilmän bolmaklary ahmal. Bilşimçe, meniň ejem hem öz dowzahynyň, öz gynanmalarynyň içinden nädip çykmalysyny, olardan nädip dynmalysyny bilmändir. Şuňa düşünip, maňa ony bagyşlamak ýeňil düşdi. Eger adam özüne ýamanlyk eden adamy bagyşlasa, Hudaýy alkyşlamagy onuň duýgularynyň halas bolmagynda ikinji ädim bolar. Injil kollejiniň gyzlar bölüminiň dekany aýallar gurultaýynda maňa ýüzlendi: «Dori, men ejeme gerek däldim we meni hiç kim söýmeýärdi. Häzir bolsa men 120 gyza maslahat bermeli, emma özüm ýeke we sussy basyk, aljyraňňy». Ol özüniň diýseň semiz bolandygyny we nädip muny ýeňjegini bilmändigini aýtdy. Ol gürrüňini bolanda, men onuň şol wagt nähili duýýandygyny anyk bilýändigime ynandyrdym. Onuň maňa öz aladalaryny aýdyp bermegi bilen, onuň köp ýyllaryň dowamynda ýekelikde göreşen ruhdan düşmesi yza çekilip başlady. Men Hudaýyň oňa näme ýagşylyklar edenini sanamagy haýyş etdim. Ol birnäçe bäsdeşleriniň içinden Injil kollejiniň aýallar bölümine dekan saýlanyşyny aýtdy. Ol gulluga mümkinçilikde we ukyplylykda Hudaýyň sahylygyny hem aýtdy. Gaýtjak wagtym men oňa Hudaýyň eden hemme gowulyklaryny ýazyp goýmagy we şol zatlar üçin minnetdar bolmagy maslahat berdim. Ertesi irden gurultaýyň soňky ýygnagy geçirilýän zala geldim. Meniň bagtyma, dekan aýaldan aýdym aýtmagy haýyş etdiler. Aýdymdan öň ol şeýle diýdi: «Men köp ýygnaklarda boldum, emma hemişe näme aýdyljagyny bilýärin diýip pikir edýärdim. Ähli zatlary men öň eşitdim. Birinji agşam men gapyda durup diňledim. Ikinji gezek iň soňky hatarda oturdym, düýn bolsa çykyş edenler bilen gürrüňleşmäge gitdim. Otagyma dolanyp gelip, men Hudaýa bar eden gowulyklary üçin minnetdarlyk bildirdim. Onuň meniň durmuşyma beren gowulyklarynyň sanawy bir giden sahypa boldy. Iki sagatlap men Hudaýa alkyş okadym. Şu gün üç ýylyň içinde ilkinji gezek men özümi irden turanymda bagtly saýdym». Soň ol Hudaýyň söýgüsi hakdaky aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu aýala bu zatlaryň barynyň Hudaýyň emri bilendigini aýdyp, biz Hudaýa alkyş okadyk. «Ähli ýadaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur» (1 Selanikliler 5:18). Hudaýa minnetdar bolmak biziň duýgularymyza bagly bolmaly däldir. Biz aňly-düşünjeli minnetdar bolmalydyrys. Ruhdan düşmegi we aladany ýeňmegiň ýoly — azyndan günde üç mezmury okamakdyr. Arşa götermek gaýgyny ýeňip, ruhdan düşmegiňi peseldýär. Käwagtlar ýanyma ogullyga alnan çagalar gelerdiler: «Dori, sen iň bolmanda ejeňiň kim bolanyny bilýärdiň, kakaňy tanaýardyň. Men bolsa meni islemediklerini bilip ýaşaýardym. Bir ýerlerde enem-atam bolsa-da, men hiç wagt olaryň kimdigini bilmeýärin». Men ene-ataňy görmezligiň ýa-da görüp, olaryň seni islemeýändigini bilmegiň kyndygyny aýdyp bilmeýärdim. Men ejemiň on bäş ýaşynda dogran, islemeýän çagasydym. Belki men onuň ir äre barmagyna sebäp bolandyryn. Ýöne Hudaýyň meni şu bolşuma kabul edýändigine rahatlandym. Beýik Hudaýyň söýgüsi her kimi Onuň meýilnamalaryna girizýär. Adam betbagtlygynyň iň oňat çözgüdi Mesihiň haçy hasaplanýar. Mesih durmuşyň näsazlyklaryny öňünden görüpdir. Ol her bir adamyň doguljagyny öňünden görüpdir we hemmeler üçin deň derejede ölüpdir. Biz Onuň söýgüsine jogap berýärismi? — diýen sorag ýüze çykýar. Injilde Ýeftah ýaly nikasyz doglan çagalary Hudaý Öz Meýilnamasynyň bölegi edipdir (Serdarlar 11:1). Täze Ähtde özüne we gelip çykyşyna ulumsylanýan adam Mesih tarapyndan ýazgarylypdyr. Ýewreýler Ybraýymyň aňyrsy bolandyklaryna we olar söýgi gatnaşykdan däl-de, Hudaýyň ogullyga alanyna öwünýärdiler (Ýahýa 8:41). Mesih olaryň durmuşlaryny görüp, olaryň atasynyň arwah bolandygyny tassyklaýar (8:44). Ýerdäki atasynyň kim bolandygyny bilmek entek hiç zady aňlatmaýardy, ruhy ataňy bilmek möhümdi. Men ýerdäki maşgalama gerekmejek bolup doglup, gökdäki maşgalamyň maňa garaşýandygyna şatdym! Kim «gowy gelip-çykyşly» bolsa, gopbamsylyk bilen zaýalanan bolup bilerler. Netijede, Hudaýyň alkyşynyň olara näçe gerekdigini bilmän galmaklary mümkin. Ýewreýler atalarynyň Ybraýymdygyny bilýärdiler we Mesihi ret etdiler. Ýekirilýän Samariýaly aýala meňzäp, adam gazananlary bilen öwünmän, Mesihe we Onuň haçdaky pidasyna doly berlen bolanynda gowy bolýardy! Gögüň Patyşalygy ret edilenlerden, güýçsüzlerden we ýigrenilýänlerden doldurylan. Biziň ýerdäki gelip çykyşymyza buýsanmaýanlarymyz Hudaýyň söýgüsiniň esasy durky bolup galýarlar. Dawut şeýle ýazdy: «Hudaý mukaddes mesgeninde ýetimlere ata, dul hatynlara hakyny alyp berýän hossardyr» (Mezmur 67:6). Kimde duýguly mesele köp ýüze çykýan bolsa, hemişe Ýazgyny okamagy we näçe köp bolsa aýat ýat tutmagy ýatlatmak artykmaçlyk etmez. Ýene bir ýygnakda ýaşlygymy ýene bir gezek aýdyp berenimden soň, meniň ýanyma bir psiholog aýal geldi. Ol: «Dori, seniň nädip duýgy taýdan ýok bolmadygyňa men düşünip bilemok, — ol sözüni dowam edip, — eýsem bu Hudaýyň rehimdarlygyna minnetdarlykdadyr». Bu diýseň dogry! Ýöne alkyş meni gündeki Hudaýyň Sözünden rahatlyk gözlemek islegimden goldady. Öýde biz köp şuny aýdýarys: «Men seni söýýärin». Gidip barýarkak ýa-da jaň edip, biz muny bildirmäge çalyşýarys. Bize sylag we kiçijik sowgatlar taýýarlap, «men seni söýýärin» diýmäge mümkinçilik tapylýar. Bir gezek Täze Gwineýada Berni uly gykylyk bilen öýe geldi. — Näme boldy, mähribanym? — diýip soradym. — Sen meni söýýärmiň? — Men seni dünýäde ähli zatdan oňat görýärin, — diýip, men gujaklap aýtdym. — Onda gowy, — ol uludan demini aldy, — men ýöne bilmek isledim — diýip, oglanjyk ýene ylgap gitdi. Täze Gwineýada biz tiz-tizden «men seni söýýärin» oýnuny oýnaýardyk. Lloýd maňa seredip: «Men seni derýa çenli dökülen daşlardan hem köp söýýärin» diýerdi. Darlin hem goşulýardy: «Men seni Sentanidäki agaçlaryň sanyndan hem köp söýýärin». Ýene biri: «Men seni asmandaky ýyldyzlardan hem köp söýýärin». Arada Darlinden hat aldym. Ol ýerde şeýle sözler bar: «Men seni Arkanzasyň sanap bolmajak çybynlary ýaly söýýärin!» Samsyklykmy? Men beýle pikir edemok! Eger-de meniň Hudaýyň goldawyna berk ynanjym bolmadyk bolsa, Grannileriň öýündäki ýaşaýşy, Makinleriň daraýyşlaryny, ejemiň we kakamyň ýüz öwürmelerini çekip çydap bilmezdim. Şondan bäri Irma Fremmiň beren birnäçe goşgularyny belläp, ýatdan öwrenen Täze Ähtimi gorap saklaýaryn. Hudaýyň Sözi bize ruhy agyryny ýeňip geçmäge iterýär. Köpler maňa: «Dori, sen öz akylyňdamy? Seniňkiden az kowulmalary gören çagalar öz gelip çykyşyndan we terbiýe ýetmezliginden ösüşden yza galýarlar. A sen bolsaň nähili?» diýýärler. Sebäbi meniň diýseň çykgynsyz ýagdaýda bolanyma Hudaýyň ykbalyma has çynlakaý seredenligi bilen diýip jogap berýärin. Çagalykda meniň arzymy aýdyp aglara hiç kimim ýokdy. Men Hudaýa ýüzlendim. Rehimdarlyk bilen meniň garaşyşymdan hem belent, Ol meniň ýaralanan duýgularymy bejerdi. Men ýaly kim Oňa ýüz tutsa, Ol her kim üçinem şeýle etjegine ynanýaryn. Meniň tejribäm ene-atalara käbir maslahaty bermäge rugsat edýär. Öz çagalaryňyzy söýýändigiňizi olara köpräk aýdyň. Çikagoda 15 ýaşly oglunyň tabydynyň ýanynda duran atasy oglunyň eline hatjagaz gysdyrypdyr. Ol ýerde: «Oglum, men seni söýýärin» diýip ýazylgydy. Bu sözleri şeýle giç aýtmak elhençlik dälmikä? Öz öýümizde biz çagalara günüň dowamynda birnäçe gezek olary söýýändigimizi ýatladýarys. Indi Berni we Darlin: «Eje, kaka, siziň bizi söýýändigiňizi bilýäris. Bizem sizi söýýäris» — diýýärler. Hiç wagt öz arzuwlaryňyzy çaga terbiýesinden öňe geçirmäň. Olary Injil taglymaty bilen terbiýelemekden ileri näme bolup biler? Bu Hudaýy hormatlaýan adamlary ýetişdirmäge özüňi bagyş etmekdir. Munda ata-enelere uly jogapkärçilik ýüklenýär. Bu ilki bilen özümize uly üns bermelidigimizi aňladýar. Siz nähili? Siziň çagaňyzam edil şeýle bolar! Bu çynlakaý işde Hudaýyň kömegi zerur. Ýetip bilmedik arzuwlaryňyz siziň öz söýgüli çagaňyza terbiýe bermeklige edýän jepalaryňyza degýändir. Daşda durýan, emma wajyp maksat üçin — döretmek, ösdürmek, terbiýelemek üçin ony Hudaýyň Sözüne uýýan we boýun bolýan edip ýetişdirmek üçin käbir zatlary pida hem etmeli bolýar. Çagalar biziň üstünligimizi ýa-da şowsuzlygymyzy görkezýän janly ýadygärlikdir. Lloýd ikimiz Balýemde näçe galasymyz gelse-de, Bernini öýden daşdaky mekdepde zorluk bilen galdyryp bolmajagyny duýduk, ýogsam köp Hoş habarçylar şeýle hem edýärdiler. Hawa, biz Balýeme çagyryldyk, emma biz birinji nobatda ata-ene bolmaklyga çagyrylandygymyzy hem unutmaly däldik. Meniň amerikan çagalaryna ýüregim awaýar. Aýrylyşmalaryň sany artýar, çagalary kemsitmeler köpelýär, ata-eneleriň göwnibirligi ösýär — şonuň üçinem ýurtda müňlerçe Doris Dakwort ýaly islenmedikler, söýülmedikler, ýüz öwürlenler ýaşaýar. Edil şeýle ýaraly ýürek bilen men çagalara we ululara öz durmuşymy we gullugymy bagyş edýärin. Men olara: Hudaý meniň üçin näme eden bolsa, siziň üçinem şony eder — diýýärin. Eger biz ähli bölejiklerimizi Hudaýa bagyş etsek, Ol bizi bir bitewi edip biler. Ýigrimi birinji bap Mazaryň başyndaky oýlanmalar 1972-nji ýylda biz Kanzasyň üstünden geçdik. «Mähribanym, mende seniň üçin ýakymly täzelik bar. Men seni üýtgeşik ýere alyp barjak» diýip, Lloýd habar berdi. Men onuň näme aýdýanyny bilmämsoň, sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Bir sagatdan soň biz kiçijik bir şähere geldik. — Dori, bu ada seret. Bu seniň üçin bir zatlary aňladýarmy? — Ýok, bir minut dur. Bu meniň kakamyň doglan ýerimi? — Hawa. Biz ol hakda we onuň maşgalasy hakda bir zatlar bilmäge bagtymyzy synamakçy bolduk. Biz maşyny dükanyň golaýynda burçda goýduk we girip soradyk: — Siz Dakwort atly birini, Lýuis Dakworty tanaýarsyňyzmy? Ol adam geň galmakdan agzyny açdy. — Ýekeje minut. Ol dükanyň ol çetine gitdi we ol ýerden bir aýal çykdy: men onuň garyndaşymdygyny duýdum, şol buýra saçlar, gara gözler we garaýagyz reňk. — Siz Lýuis Dakworty bilýärmisiňiz? — diýip, men gözlerime ynanman soradym. — Men Dakwort — diýip, geň galmak bilen ol jogap berdi. — Ýekeje minut, — diýip, ol başga adamy çagyrmak üçin öwrüldi. Ol bize golaý geldi. — Ondanam menden soraýşyňyz ýaly soraň — diýip, ol aýal aýtdy. Haçanda men öz soragymy gaýtalanymda, ol adam hem öz gezeginde geň galdy. — Meniň ejem Lýuis Dakworty ulaltdy. Ol 95 ýaşynda, ol Dakwort — diýip, erkek adam aýtdy. — Siz onuň bilen duşuşmak isleýärsiňizmi? Men özümi ukuda ýaly duýdum. Kakam bilen hoşlaşanyma 25 ýyl geçdi, indi bolsa men ony terbiýelän aýal bilen tanyşmalydym. Biziň öňümizde duran aýal bolsa meniň daşkyrak garyndaşymdy. Biz ol adamyň ejesiniň ýaşaýan ýerine geldik. Ony maýyplar arabasynda sürüp getirdiler. Onuň egninde ak ýakaly we manžetli gara köýnek bardy. Onuň hiç zat görmeýändigini we pyşyrdap gepleýändigini aýdyp, maňa egilmegimi maslahat berdiler. Ine, kakamy terbiýelän aýal. — Eje, bu Lýuisiň gyzy Doris — diýip, erkek adam gaty ses bilen aýtdy. — Mähribanym, — ol maňa ýüzlendi, — ýakyn gel, men seni göreýin. Garry mähir bilen meniň ýüzümi sypalady. — Seniň kakaň oňat adamdy. Men şeýle bolanyna ökünýärin. Seniň köp zady söz berýän maşgalaň bardy. — Ol dymdy, ýylgyrmak onuň ýygyrtly ýüzüni ýagtyltdy. Soň ol Berni bilen Darline ýuwaşja el degrip: «Sizi Hudaý gorasyn, mähribanlarym» — diýdi. Men ýene onuň gözlerine seretdim, ol meni boýnumdan gujaklady, men onuň ýaňagyndan öpdüm. Meniň ýüregim ýarylyp gelýärdi. Meniň maşgalamyzyň aňyrsy hakynda gürleşesim gelýärdi. Onuň örän kyn gürleýändigi üçin gepleşmek gysga bolmalydy. — Men iru-giç kakaň hakda saňa gürrüň bererin — diýip, ol pyşyrdady. Ýöne ol gün gelip ýetmedi, birnäçe aýdan ol aradan çykdy. Dükandaky adam meniň gonamçylyga gitmek isleýändigimi sorady. Men razylaşdym. Haçanda biz gelenimizde, ýazgy žurnalyndan okadym: Molli we Dell Dakwort 34 we 32 ýaşlarynda inçekeselden öldüler. — Doris, bu seniň ataň we eneň — diýip, erkek kişi aýtdy. Biz inçe ýodajyk bilen mazarlyga tarap gitdik. Öňümizde iki sany ýykylyşyp başlan agaçdan haçly tümmejikler durdy. Olarda «Molli Dakwort» we «Dell Dakwort» diýen ýazgy bardy. Biz birnäçe minutlap gozganman durduk. Öz durmuşymda men atam we enem barada az pikir edipdim. Ejem meni ýigreneni üçin haçan hem bolsa meniň gelip çykyşymyň hapa beýany çykar öýdýärdim. Şu wagt men özümiň hem aňrymyň bardygyna — men dogulmazymdan kän öň ýogalan atamyň we enemiň bardygyna göz ýetirdim. Meniň olary nähili göresim geldi! Ýürekbulaýjy geçmişime garamazdan, men hem maşgalamyzyň urugynyň biridim. Gözüme ýaş geldi. Çagalar gelip, ýanymda durdular. Darlin meniň sag elimden tutdy, Berni çep. Soň men Hudaýyň sesini — şol kynçylykly ýyllardan alyp geçen sesi eşitdim. Dori, seniň soňuň başlangyjyňdan has gowy bolar. Biz gaýtmak üçin maşyna tarap öwrüldik. Gözlerim garaňkylap, duýgularym garyşdy. Gaýdyp gelýärkäk meniň pikirlerim çagalyk ýatlamalaryndan durmuşyma Hudaýyň ýolbaşçylygyna tarap aýlandy. Elbetde, ýalňyzlygyň we umytsyzlygyň deňinde Onuň alkyşy has aýdyň görünýärdi. Hudaý maňa söýgüsini her dürli ýollar bilen görkezdi. Hawa, ejem, çagalar öýi, ekleýjiler öýi bolupdy. Ýöne Hudaý meni kabul edip, Hudaýyň mirasdüşeri, Isa Mesihiň yztutary etdi. Hudaý maňa Hudaý söýýän är we iki çaga berdi. Soň Ol maňa dünýäniň ýarysyny gezip, ösmedik halklara Hoş habaryň sesini eşitdirdi. Ahyrsoňy Ol meni ruhanynyň aýaly bolup, Amerikada adamlara Hudaýyň ýönekeýje ynsanlary söýüp, olary Öz ady bilen tanymal edip biljekdigini gürrüň bermäge mümkinçilik döretdi. Ol bularyň baryny hiç kimiň söýmedik gyzjagazy üçin etdi! Asylzadalar bilen, Öz halkynyň asylzadalary bilen oturtjak bolup, garyby toprakdan turuzýar, mätäji dersden galdyrýar. Zebur 112:7-8 Minnetdarlyk Biz Erwin bilen Rebekka Lýutere öz minnetdarlygymyzy bildirýäris, çünki olar bu wakalar bilen baglanyşykly tekstleri ýazgy etmekde we barlaglar geçirmekde köp wagtlaryny sarp etdiler. Adamsym bilen men Erwiniň ähli zady jikme-jik aýdyň we anyk beýan etmäge çalşandygy üçin sag bolsun aýdýarys. Onuň aýaly Rebekka golýazmalary kompýuterde çap etdi we iň soňky nusgasy taýýar bolýança, täzeden birnäçe gezek çap etdi. Kaý Oliwer hem iň soňky nusgasy gutarmagyna kömek edip, köp sagadyny sarp etdi. Bu zatlaryň ählisi üçin Lloýd we men çuňňur minnetdar. Biz Hudaýyň bu kitaby adamlara Özüniň merhemetiniň çäksiz güýjüni görkezmek üçin ulanjakdygyna ynanýarys. Doris we Lloýd Wan Stoun