Jon Gilkrist HUDAÝMY ÝA-DA PYGAMBER? GIRIŞ MESIHILERIŇ WE MUSULMANLARYŇ GARŞYDAŞLYGY Ähli gapma-garşylyklaryň başy hem-de soňy bar, ýöne on dört asyrdan bäri dowam edip gelýän garşylyklar, megerem, hiç haçan gutarmaz. Bu taryhy göreş nesilme-nesil dowam edip gelýär. Bu ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň jany ugrundaky, yslam bilen mesihiligiň arasyndaky göreşdir. Bu uludan-uly jedel (hatda hemişe üns berilmeýän bolsa-da) uly-uly meselelere täsirini ýetirýär, ylaýta-da, adamzadyň ýaşaýşyna we onuň gutarnykly ykbalyna täsir edýär. Bu dinleriň her biri öz taglymatynyň merkezi şahsyýetini yglan edýär — dünýäniň Halasgäri Isa Mesihi ýa-da bütin adamzat üçin iberilen soňky pygamber bolan Muhammedi. Her bir din özüniň adamzada wepalylyk hukugy ugrunda göreşýän beýleki dinlerden, pelsepelerden ýa-da häkimliklerden üstündigine ynanýar. Elbetde, bu dinler gapma-garşylyksyz bolman bilmezler. Bu kitap yslam bilen mesihiligiň gapma-garşylyklaryna, onda-da, musulmanlaryň mesihileriň Mukaddes Ýazgylarynyň dogrudygyny we esaslanýan taglymatlarynyň hakykydygyny ret etme ýoly bilen yslamyň artykmaçlygyny nygtamak maksady bilen ulanýan subutnamalaryna seredýär. Musulman bilen gürrüňdeşlige girişen islendik mesihi, gürrüňdeşiniň Injiliň abraýyny düşürmäge we mesihini goranyş ýagdaýyny eýelemäge mejbur edip, aljyratmaga çalyşýan, hemişe herekete girizýän garşy çykmalardan ýasalan sowutdan şaýyny tutandygyna göz ýetirer. Musulmanlaryň mesihiligiň üstüne edýän hüjümi Mesihileriň we musulmanlaryň garşydaşlyk meseleleri öz başlangyjyny Muhammediň döwründen alyp gaýdýar. Musulmanlaryň Mukaddes Kitaby bolan Gurhan, mesihilik ynamyna garşy çykýan köp jedelli tassyklamalary özünde saklaýar. Onda-da diňe bir garşy çykmak bilen hem çäklenmän, eýsem ony puja çykarmak üçin degerli delillerem teklip edýär. Yslamyň ilkinji asyrlarynyň taryhynda musulman alymlary köp kitaplar ýazypdyrlar. Olar kitaplarda Mukaddes Ýazgylaryň arassalygyna (Ibn Hazmi), Hudaýyň üçbirligi baradaky taglymata (Abu Isa al-Warrak), mesihi jemgyýetiniň durmuş gurluşyna (Al Jahiz) garşy çykyp, Köne we Täze Ähtleriň Muhammet barada welilik edýändigini (At-Tabari) ynandyryjylykly subut etjek bolýarlar. Biziň döwrümizde köp nusga bilen jedelli maglumatlar çap edilýär, ylaýta-da, Günorta Afrikaly musulman wagyzçysy Ahmad (Ahmet) Didatyň ylmy eserleri köp ýaýraýar. Mesihiler Muhammediň pygamber hökmündäki ygtyýarlyklaryny hem-de Gurhanyň Hudaýyň Sözüdigi baradaky tassyklamany ret edýän köp sanly subutnamalary görkezip, köp gezek mynasyp gaýtawul berdiler. Ýöne iki tarapyň hem sypaýyçylyksyz eden çykyşlarynyň juda obýektiw däl we gyzmaçylykly bolan gezegi az bolmady. Bir tarapyň ajaýyp göreldeli adamlary öz tarapdarlary tarapyndan beýleki tarapyň wepadarlarynyň nädogry işlerine garşy goýuldylar. Şonda-da jedelleşýän taraplar öz usulynyň dogry däldiginden çekinip, çekişme etmäge het edip bilmediler. Mysal üçin, mesihiler musulman dünýäsinde aýallara erbet garaýandyklaryny subut edip, muňa Mukaddes Kitabyň aýallaryň erkekler bilen deň derejede bir nikaly durmuşda ýaşamaga hakynyň bardygyny aýdýan taglymatyny garşy goýýarlar (Ef. 5:28–33), ýöne olar gündogar ýurtlarynda höküm sürýän nika bozmalara we ahlaksyzlyklara üns bermeýärler. Musulmanlar yslamyň kämil dünýäniň dinidigini öwredýärler. Şol bir wagtyň özünde musulman dünýäsindäki köp sanly gapma-garşylyklary, ýagny yslamyň hatyrasyna edilýän ilçihanalaryň bombalanmasyny, uçarlary ogurlap almalary, söwda merkezlerindäki partlamalary we ş.m. äsgermezlik edýärler. Olar şeýle hem, bütindünýä yslam jemgyýeti, içinde köp dürli gapma-garşylykly sektalaryň bardygyna we yslam birleşmesi — bu esasynda musulman namazlaryna, orazalaryna, täret kylmalaryna we hajyna (zyýaratlaryna) esaslanýan görnüşdäki Hudaýa sežde etmäniň bir görnüşi diýen fakta seretmezden, köp asyrlar mundan öň içinde bölünişik bolan mesihi Ýygnagy bilen deňeşdirip bolmajak derejededir diýip bilerler. Meniň kitabymyň maksady — musulmanlaryň mesihiligiň garşysyna öňe sürýän delillerine seretmek we mesihiler ulanyp biler ýaly, olara ýerlikli jogap bermekdir. Men ýigrimi bäş ýyldan-da gowrak döwrüň dowamynda Günorta Afrikadaky musulmanlar bilen bolan gürrüňdeşliklere gatnaşdym. Şonda olaryň Ýazgylaryň we mesihiligiň garşysyna öňe sürýän garşylyklarynyň barysyny diýen ýaly eşidip gördüm. Şeýle-de, şu kitabyň soňunda sanalyp geçilen musulman kitaplarynyň we kitapçalarynyň hemmesini ünsli okap çykdym. Bir zady çynym bilen aýdyp biljek, hiç haçan musulmanlardan bir zada doly düşünip ret eder ýaly ýekeje-de delil eşitmedim. Kitabymyň alty bölüminde, mesihiler bilen gürrüňdeşlikde musulmanlaryň mesihiligiň garşysyna köp ulanýan delilleri getirildi. Mesihiler gürrüňdeşligi alyp barmakda görelde alar ýaly, olaryň her birine esasly garşylyklar getirildi. Musulmanlaryň mesihileri ýeňlişe getirýän ýagdaýlary Musulmanlar bilen ýekelikde edilen gürrüňdeşlikde men olar tarapyndan peýdaly söhbetdeşligi alyp barmaga päsgel berýän gatnaşyklara köp duş geldim. Aslynda mesihilerem, musulmanlaram öz garaýyşlaryny bir umumy maksat bilen — beýik hakykaty açmak maksady bilen subut etmeli. Şeýle-de bolsa, musulmanlar gürrüňdeşlige binýat goýjak bolman, diňe bir zada, ýagny öz delillerini tüsseden edilen tuty ýaly ulanyp, mesihi şaýatlyklaryna päsgelçilik döretmäge çalyşýarlar. Mysal üçin, men edil garşy çykmasynyň özi düzüminde olaryň tutarygynyň subutnamasyny saklaýan hem-de ara alyp maslahatlaşylýan sorag boýunça soňky söz edilen ýaly, aşakdakylara meňzeşräk soraglara köp duş geldim: «Eger Onuň aýaly bolmasa, Ogly nireden bolsun? Eger Mesih siziň günäleriňiz üçin ölen bolsa, onda bu siziň kelläňize gelen günäni etmegiňizi aňlatmaýarmy?» Mesihileriň tutarygyny ýalana çykarýandygyny aýtmanymyzda-da, köplenç musulmanlar jogaby diňlemegem islemeýärler. Mesihilik barada örän az sanly musulmanlarda dogry düşünje bar. Mesihiler üç Hudaýa sežde etmeklikde aýyplanýarlar. Täze Äht Ýazgylaryň asyl nusgasy hasaplanýan Köne Ähtiň üýtgedilen görnüşi hökmünde düşündirilýär. Bu musulmanlar materialistik nukdaý-nazara esaslanyp, Mesihiň hudaýlygyna müňkürlik edýärler. Gurhanyň bibi Merýemiň adamsy bolmasa-da, Hudaýyň keramaty bilen Ogul dünýä inderendigini aýdýandygyna (süre 19. 20–21) seretmezden, aýaly bolmandygy üçin, Hudaýyň Oglunyň bolup bilmejekdigini musulmanlar nygtaýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda musulmanlara hakykaty düşündirmäge çalyşýan mesihilere sabyrlylykdan ýüküni tutmak gerek. Mesihileriň seýrek bolmadyk ýeňlişiniň başga bir sebäbi — bu köp musulmanlaryň arkaýyn we gödeklik bilen Mukaddes Kitabyň hakykydygyny ýa-da mesihilik ynamynyň esaslanýan taglymatyny tankyt edip, Gurhan we yslam tankyt edilende öýkeleýändigindedir. Şunuň ýaly ýagdaýda mesihiler garşydaşynyň göreldesine eýermän, sabyrly bolup, saklanmalydyrlar. Käbir musulmanlar diňe bir niýet bilen, ýagny bir zada yrsaramak üçin jedelleşýärler, ýöne paýhasly jogap eşitmek islemeýärler. Biziň ynamymyza garşy olaryň edepsiz garşylyklaryna ynandyryjy jogap bermeli wagty gelende, musulmanlar bilen garaşylmadyk çaknyşyklaryň ýüze çykan gezegi mende az bolmady. Käwagt delilleriň beýan edilişi ýaly gysga we aýdyň jogap bermek mümkin däl. Musulmanlar özlerine berlen düşündiriş bilen ylalaşýan bolsalar-da, olar soňundan öz pikirleri puja çykarylmadyk ýaly, öňki delillerini dabaraly gaýtalap ýörýärler. Şeýle ýagdaýlarda sabyrlylyk we tutanýerlilik wajyp. Musulmanlaryň delillerine jogap bermek zerur Käbir adamlaryň: «Jedelleşmek nämä gerek? Ýöne bir biziň ynamlarymyzdaky tapawut barada pikir alşyp, hemme agzalalygy taşlasa bolmaýarmy?» diýmekleri mümkin. Ynamyna we öz-özüne wepaly bolan mesihi musulmanlaryň garşylygyna hem-de delillerine garşy duraýmaly. Munuň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, eger siziň öz ynamyňyzy goramaga gaýratyňyz ýetmeýän bolsa, onda siz ynamyňyza nähili yhlasly bolsaňyzam, ony düşündirip bilmeýänsiňiz diýip, musulmanlar öýder. Musulman bilen göreşmek islemezligiňiz, aslynda siziň ynamyňyzyň ygtybarsyzdygyna olarda ynam döreder. Ikinjiden, eger siz diňe bir ynanýandygyňyzy aýtman, eýsem ynamyňyzy ynandyryjy edip düşündirip hem bilseňiz, onda musulmanlar siziň ynamyňyzyň hakykatdygyny, şahsy tejribäňizden göz ýetirendigiňizi hem-de ony deliller bilen gorap biljekdigiňizi bilip, sizi isleg bilen diňlär. Üçünjiden, musulmanlar mesihi bolanlaryndan soň, täze wagyz edýän ynamynyň bähbidine bar bolan delilleriň hemmesini derrew takyk bilmek isleýärler, sebäbi öňki ynamdaşlary olary yslama gaýdyp gelmäge mejbur etjek bolar. Şonuň üçin özlerine ediljek hüjüme garşy durmak üçin, olara berk taýýarlykly bolmak zerur. Resul Petrus mesihiniň özüne garşy çykylmalara batyrlyk bilen taýýar bolmalydygy hem-de özi bilen jedelleşýäne haýsy ruhda jogap bermelidigini anyklamagy barada şeýle diýýär: ...Ýöne ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly ynsabyňyz päk bolsun. 1 Petrus 3:15–16 Resul Pawlus hiç haçan öz ynamyny tassyklamaga gerek bolan degerli delilleri getirme borjundan el çekmedi. Ol jedelleşmegi gowy görýän hem-de bu işde üstünliklere ýeten ýehudylaryň arasynda bolanda-da, Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi. «Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi» (Res.iş.17:2–3). Pawlus Hoş Habaryň öz-özünden özüne çekiji boljakdygyna umyt baglap, ýöne bir dini nukdaý-nazarlary ara alyp maslahatlaşmak bilen kanagatlanmaga höwesli bolmandyr. Gybatçylar bilen jedelleşende her bir sözi subut etmegiň zerurdygyny bilipdir. Başga bir ýerde ol şeýle diýýär: «Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris“ (2 Kor. 10:4–5). Şeýdip ol özüniň, öz ynamyny çuň öwrenen we hakykaty tassyklamaga ukybynyň bardygyna berk ynanýan adamdygyny görkezýär. Musulmanlara Hoş Habary wagyz etme işinde musulmanlaryň mesihilige garşy goýjak delillerine we garşylyklaryna garşy durup bilmek ukyby mesihilere gaty zerurdyr. Indiki bapda biz nähili jogap bermelidigine seredip geçeris. MUSULMANLAR BILEN ÇEKIŞMELERDÄKI DOGRY USULLAR Şu kitapda musulmanlaryň Mukaddes Kitaba we onuň taglymatlaryna bolan has giň ýaýran garşylyklaryna hem-de olara berlen delilli jogaplara seredilip geçilýär. Esasy zat — şol mysallar paýhasly we ynandyryjy bolmalydyr. Şeýle-de bolsa, musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde mesihiniň özüni nähili alyp barmalydygyna birazrak üns berilmese, onda bu kitap doly mana eýe bolup bilmez. Musulmanlara gowy täsir etmek üçin delillerimiziň düýpli bolmagynyň zerur bolşy ýaly, olaryň ýanyna haýsy ruhda barýandygymyz hem wajypdyr. Musulmanlar bilen çekişmelerdäki nädogry usullar Mesihileriň musulmanlaryň arasyndaky edýän öz şaýatlyklaryna zeper ýetirip bilmekleriniň köp usullary bar. Bu bölümde biz olaryň üçüsine seredip geçeris. 1. Ýeňijilik ruhy bilen şaýatlyk etmek Köp ýyllar mundan ozal men Durbandaky (Günorta Afrika) uly duşuşyga gatnaşdym. Ol ýerde iki müňe golaý adam, mesihiler we musulmanlar Siti Holluň gapylarynyň açylaryna garaşyp durdular. Gapylary näme üçindir açmaýardylar. Adamlar bolsa binanyň gapysynyň agzynda hümmer bolup durdular. Palestinaly mesihi doktor Anis Şoroş bu duşuşygyň nähili boljakdygyny, ýagny mesihililere garşy çekişmeleriň ýeňijisi Ahmad Didata gaýtawul beriljekdigini aýdyp, duşuşygy mahabatlandyrdy. Elbetde, Siti Holluň öňündäki ýagdaý örän dartgynlydy. Birden ýerli ýygnanyşyklaryň ruhy çopanlarynyň biri öz dostuna teklip edip: «Geliň, Rebbi şöhratlandyryp, birnäçe nagma aýdalyň» diýdi. Olar hem ruhubelentlik bilen: «Goý, Reb aýaga galsyn, Onuň duşmanlary ýegsan bolsun» diýip, nagma aýdyp başladylar. Onuň yzyny bolsa: «Isaň ady bilen biz ýeňeris. Isaň ady jynlary gaçmaga mejbur edýär» — diýen sözler bilen alyp göterdiler. Gynansak-da, «jynlar» gaçmadylar, gaýtam urga urgy bilen jogap berdiler. Şeýdip ýeňdilerem! Haýsydyr bir musulman «Allahu akbar» (Hudaý beýikdir) diýip sokduryp, gaty sesi bilen aýdylyp duran nagmany kesdi. Şol pursadyň özünde müň sany musulman yzyny üzmän «Allahu akbary» alyp göterdi. Onuň yzyndan «La ilaha illa»-ny (Alladan başga Hudaý ýokdur) aýdyp ugradylar. Agzybirlik we dogumlylyk bilen aýdylan bu sözler, aýdylyp durlan nagmalary doly sem edýänçä gaýtalandy durdy. Bu wakanyň şaýady bolan mesihiler menden: «Olar näme aýdýarlar?» diýip, gaharlanyp soradylar (waka yslam öwrülişiginiň tutaşan hem-de gazaply fundamentalizmiň döwründe bolupdy). Menem olara: «Rahatlanyň, olar ýeke-täk Hudaýyň beýikdigi barada aýdýarlar» diýdim. Mezmurlar, nagmalar biziň mesihi ýygnanyşyklarymyzda, özümizi başga hiç kimiň eşitmeýän wagtynda joşgunly aýdylýar. Dabaralylyk — köp häzirki zaman ýygnanyşyklarynyň umumy keşbi. Ýöne ol mesihi-musulman garşylyklarynda ýerlikli däl. Biz ýolumyzda duş gelenleriň hemmesine kanagatly bolup, söýgi ruhunda gürleşmäge çagyryldyk. «Biziň maksadymyz — mesihilik üçin ýeňiş gazanmak dälde, Mesih üçin musulmanlary gazanmak» diýip, gowy aýdylypdyr. Mesihiler musulmanlaryň üstünden öz ynamynyň hökümdarlygyny gurmak baradaky pikirine garşy göreşmelidirler. Şeýle hem, biz jedelleşmelerde ýeňiş gazanmak maksady bilen öz nukdaý-nazarymyzy subut etjek bolma islegimize garşylyk görkezmelidiris. Biziň esasy aladamyz — diňleýäniň özi. Gürleýän zatlarymyzyň hemmesi, gürleýän ruhumyzam söhbetdeşimiziň ynamyny, ünsüni we meýlini gazanmaga gönükdirilen bolmaly. Aşakdaky aýat jedelleşikdäki garşydaşymyza gönükdirilen haýsy täri ulanmalydygymyzy görkezyär: Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun Koloseliler 4:6 Men dürli seminarlarda mesihilere birnäçä gezek aşakdaky dana sözi ýatda saklamagy teklip etdim: Y-S-L-A-M: „Men hemme musulmanlary söymeli!“ diymegi aňladyar. (Iňlisçe şeýle: I-S-L-A-M — I Shall Love All Muslims!) Men mesihileriň yslamy yigrenmelidigi, yöne musulmanlary söymelidigi barada aydylan sözleri eşitdim. Meniň pikirimçe, ähli musulmanlary söýüp, yslama düşünjek bolmak has yerlikliräk bolar. Musulman ynamyny näçe köp öwrenseňiz, şonça-da oňa hormat goýmagy öwrenersiňiz (men muny şahsy tejribämden aýdýan), şeýtseňiz musulmanlar sizi uly taýýarlyk we hormat bilen diňlär. Mesihiler musulmanlaryň nämä ynanýandygyny bilmek, Gurhan we yslamyň miraslary bilen tanyşmak isläp, nähili kynçylyklary geçendigini görkezseler, musulmanlar hökman birneme isleg bilen, netijesiz jedelleşmelere däl-de, çynlakaý gürrüňdeşlige girýär. Biz diňlenilme hukugyna mynasyp bolmaly. 2. Yslamy ýoýmaga çalyşmak Köp mesihi awtorlary yslamyň taryhyny we esasy ýagdaýyny äsgermezlik edip, garalamasy we ýazgarmasy aňsat bolan ýalan pikirleri tutaryk edip, ony tankytlaýarlar. Birnäçe ýyl mundan ozal Günorta Afrikada gabynyň daşyna arap sözi bolan «halap» diýip ýazylan margarini, öý towugyny we beýleki azyk önümleri satýan ýerli dükanlaryň garşysyna mesihi ýolbaşçylary tarapyndan aýaga galmalar ýaýbaňlandy, sebäbi mesihileriň pikiriçe, şu azyk önümleri taýýarlanan mallaryň eti musulman butuna, Alla gurbanlyk berlipdir. Şonuň üçin ony mesihiler iýmeli däl, sebäbi Pawlus «butlara berlen gurbanlykdan» iýmegi gadagan edenmiş (1 Kor.10:19–22) . Käbir häzirki zaman mesihi eserlere görä, arap butparazlary yslamy kabul edýänçä, Alla olar üçin ,«aýyň hudaýy» bolupdyr, sonuň üçin musulmanlaryň hudaýy bary-ýogy butmuşyn. Allany ýalan hudaý, ýagny but hökmünde kesgitlemek başardaýsa, musulman ynamyna hüjüm etmek has ýeňil bolar. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde şoňa meňzeş ýalandan gaça durmak gerek. Alla — bu ýeke-täk Ýaradyjynyň arap dilindäki köpmanyly ady. Arap dilinde gürleýän mesihiler hem-de ýehudylar bu ady, edil musulmanlar ýaly, giňden ulanýarlar. «Halap» sözi hem edil şunuň ýaly. Ol ulanylýan azyk önüminiň dini çäklendirmelerden azatdygyny aňladýar. Ol käbir manyda birnäçe mesihileriň nygtanlarynyň düýbünden başga tarapyny aňladyp, (yslamda ulanylýan many taýdan garşy gelýän «haram» sözi, mysal üçin, doňuz iýmek gadagan edilen) şol önümleriň gurbanlygyň netijesidigini asla aňlatmaýar. Mesihileriň arasynda başga bir meşhur hem-de giň ýaýran nädogry pikir şu aşakdakylarda jemlenendir. Yslam Watikan häkimligine boýun bolmaýan ýehudylary hem-de mesihileri ýok etmek üçin guralan gizlin gurama hökmünde emele gelipdir. Aýdyşlaryna görä, katolik içalysy we gizlin dildüwşigiň agzasy bolan Muhammediň aýaly Hatyja öz adamsyny aldap, Watikanyň maksatlaryny amala aşyrmak üçin ony beýik serdar bolmaga yrýar. Gynansak-da, Watikanyň maddy goldawy bilen berkleşen yslam soň Watikana garşy aýaga galýar hem-de taryhda öz ýoluny saýlaýar. Muhammediň durmuşyna we yslamyň çeşmelerine şaýatlyk edýän uly taryhy resminamalary äsgermezlik edýän bu rowaýat ýokary derejedäki hyýaly eserdir. Bu rowaýat Watikanda bolan gizlin maslahat wagty katolik ruhanysy Awgustin Bea atly meşhur iýezuitden eşiden, haýsydyr bir doktor Alberto Riwero tarapyndan ýaýradylypdyr. Bu taryh ýalan bolsa-da, mesihileriň köpüsi (yslam bilen tanyş bolmadyklary) oňa çyny bilen ynanýarlar hem-de ony musulmanlar bilen eden jedellerinde ulanýarlar. Mesihiler öz nukdaý-nazarlarynda hemişe obýektiw bolmaga hem-de öz şaýatlyklarynda hakykatçy bolmaga çalyşmalydyrlar. Hudaýyň Sözüne wepaly boluň, ynama mynasyp bolan taryhy resminamalardan daşlaşmaň, yslamyň garşysyna ýalan aýyplamalar ulanyp, musulmanlardan üstün boljak bolmaň. 3. Musulmanlara bolan ters we gazaply gatnaşyklar Müň ýyla golaý mundan ozal dünýä yslama garşy täze hristian syýasatynyň döreýşini gördi. Ol üç ýüz ýylyň dowamynda Orta Aziýany gurşap aldy. Musulman dünýäsiniň esasy bölegini basyp almaga çalşyp, şol sanda hristian ybadatçylaryny ýerleşdirmek üçin, Iýerusalimdäki keramatly ýerleri eýeläp, şeýdibem sebitde hristian häkimligini saklamak üçin Günbatar Ýewropa on dört gezek haçly ýöriş etdi. Köp surat eserleri hristianlar bilen musulmanlaryň söweşiniň şekillerini biziň günlerimize çenli alyp gelipdirler. Olardaky esgerler, elbetde, bir elinde gylyç, beýleki elinde haçyň şekili bolan galkan tutup durlar. Hristianlaryň agressorlaryň hyzmatyny ýerine ýetireni şübhesizdir. Musulman dünýäsi bolsa köp uruşlary we gapma-garşylyklary başdan geçirdi. Olary hristian mukaddes uruşlary hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Urban papa II-niň ýolbaşçylyk eden haçly ýörişi diyseň üstünlikli boldy, sebäbi hristianlaryň az sanlydygyna seretmezden, musulmanlar duýdansyzlykda basylyp alyndy. Gatfrid Bulonskiniň baştutanlyk etmeginde hristianlar köçelerden al gan derýa kimin akýança, ýehudylary we musulmanlary öldürip, köp şäherleri, şol sanda Iýerusalimi-de eýelediler. Ondan soňky ýörişler beýle gazaply we üstünlikli bolmady. Şeýle-de bolsa, olar bize şu güne çenli dowam edip gelýän, hristianlaryň we musulmanlaryň arasyndaky duşmançylygy miras goýdular. Häzirki zaman mesihileriniň gazaplylygy, elbetde, birneme pesräk bolsa-da, öňküsi ýaly giň ýaýran. «Biz yslam bilen göreşýäris» — bu çagyryşy men hut mesihileriň özlerinden eşitdim. Bu bolsa musulmanlara bolan ters gatnaşyklara getirýär. Muny bolsa olar jedelsizem duýýarlar. Emma biziň Halasgärimiz Mukaddes Kitapda «dünýäniň Patyşasy» hökmünde görkezilýär (Işaýa 9:6), şonuň üçin beýle usul dogry däldir. Biz özümiziň etmeli işimize parahatçylyk guramasy hökmünde seretmeli dälmi? Ilçihanany bombalamagy düşündirjek bolmagyň, halkara howa banditçiligi barada, Şotlandiýanyň Lokkerbi şäheriniň üstünde urlan amerikan awialaýneri barada hem-de musulmanlara garşy öjükdirýän şuňa meňzeş wakalary ýaýratmagyň deregine, söýgi we hoşniýetli garaýyşlary berkleşdirmeli dälmi? Mesihiň, etmişlerimizi hasaba alman, bizi Hudaýa gaýtaryp eltmek üçin janyny meyletin berşi ýaly, bizem pidaly gulluga we şaýatlyga taýýar bolmaly. Eger kimdigine we näme edendigine seretmezden, musulmanlary söýmäge taýýar bolsak, onda biz Isanyň söýgüsini olara yglan edip hem-de öz şaýatlygymyzyň baş maksadyna ýetip, olary merhemete we halas bolmaga getirip bileris. Biziň musulmanlara tarap ugurlarymyzyň wajyp ýörelgeleri Musulmanlar bilen çekişmelerimiziň ýa-da olara etjek şaýatlyklarymyzyň käbir ýörelgelerine seredip geçeris. 1. Dogruçyl, sabyrly we kiçigöwünli boluň Siz, elbetde, «Töweregiňdäkileriň hemmesi kellesini ýitirsede, sen ony ýitirme» diýen jümle bilen tanyşsyňyz. Köplenç jedel edýänler erkimizi ýitirip, gaharlandyrmak we ganygyzgynlyk etdirmek maksady bilen bizi bilgeşleýin ýadadýarlar. Munuň özi olar üçin üstünlik gazanandyklaryny, biziň janagyryly eden hereketlerimiz bolsa, olaryň subutnamalaryna jogap bermäge ukypsyzdygymyzy aňladýar. Hatda ýeňlişe sezewar bolýanyňyzy duysaňyzam, gaty gaharyňyz gelen bolsa-da, özüňize erk etmeklik zerurdyr. Rahatlygyňyzy saklap, hoşniýetli ruh bilen delillendirilen jedeli alyp barmak wajypdyr. Şeýle hem, şaýatlygymyzyň edil özüne hüjüm edilende, ruhdan düşmek gerek däl. Musulmanlar mesihi çekişmelerine gowy türgenleşendirler. Musulmanlaryň gapysyny kakýan yhlasly mesihileri göz öňüne getirip görüň. Musulmanlar gapyny açan badyna, mesihi: «Men seniň bagyşlanma hem-de baky durmuş almagyň üçin ölen Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada gürrüň bermäge geldim» diýýär. Mesihi adam şonda: «Hawa, bu meniň ömrümde eşiden iň ajaýyp zadym. Men nirede suwa çümdürilip bilerin?“ diýen jogaba garaşar. Eger şeýle bolsa, onda onuň özi örän lapykeç bolar. Ol: «Hudaýyň kömekçisi ýok! Onda Ogul nireden bolsun? Onuň aýaly kim? Umuman, Ol nädip Oglunyň ölmegine ýol berip bildi? Siziň ogluňyz barmy? Siz onuň öldürilişine seredip, arkaýyn durup bilermidiňiz? Siz bizi Hudaýyň Öz Ogluny halas etmek üçin hiç zat etmändigine ynandyrjak bolýaňyzmy? Ol nähili Atamyşyn? Nähili bolanda-da, seniň günäleriň üçin hiç kim ölüp bilmez. Her kim öz günäsiniň ýüküni özi çekmeli. Eger Mesih seniň üçin ölen bolsa-da, sen özüňiň bagyşlanandygyňy bilýän bolsaň, bu saňa kelläňe gelen günäni etmegiňe hukuk bermeýärmi?» diýen jogaplary eşider. Musulmanlar mesihi şaýatlyklaryny aňsatlyk bilen kemsidip, jedelleşmä we gapma-garşylyga alyp baryp bilýärler. Bu gutulgysyzdyr. Şeýle ýagdaýlarda mesihiler olaryň delillerine ynandyryjy jogaplar bermeli. Muny hem sabyrly we kiçigöwünli etmeli. 2. Jedelleşmelerden we jenjellerden gaça duruň Musulmanlaryň delillerine jogap bermegiň wajyplygyny bilýändigiňiz üçin, bir zady berk bellemeli: şaýatlyk hökmünde başlanan gürrüňiň jedele ýa-da sögüşmä öwrülmegine hiç haçan ýol bermeli däl. Resul Pawlus şeýle diýýär: Samsyk hem düşnüksiz çekişmelerden çekil. Çünki dawalaryň bulardan turýandygyny bilýänsiň. Özüňe garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýolyny açar 2 Timoteos 2:23–25 Her bir düşünişmezlik mümkin boldugyça hemişe parahatçylykly, ýöne aýgytly aradan aýrylmalydyr. Musulmanlaryň bir zada, ýagny ýeňşe dyrjaşýan ýerinde kiçigöwünli, ýöne esasly jogabyň täsirsiz bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen siziň bilen bolan gürrüňiň täsiri hökman çuň bolar. Gahar-gazap köşeşip, asudalyk aralaşandan soň, ol siziň berk we ynamly sözüňizi ýatlar. Siz näme etseňizem, jedeli başlaýjy bolmarsyňyz. 3. Öz ynamyňyza çynlakaý garaň Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti baradaky şaýatlygyňyz — durmuşyňyzdaky edip biläýjek iň çynlakaý we möhüm işiňizdir. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde salykatsyzlyga we boşsözlülige ýol bermeli däldiris. Eger musulmanlar siziň bilen ýaňsyly, äsgermezlik äheňinde dawalaşýan bolsa, onda, goý, ol öz ynamyňyza örän çynlakaý seredýändigiňizi, hut şeýle ruhda-da özleriniň beren soraglaryny ara alyp maslahatlaşmagy tutanýerli haýyş edýändigiňizi görsün. Hatda Isa Mesihe adaty şaýatlyk edilende-de, zerur bolan ýagdaýy saklamagyňyz gerek. Galyberse-de, musulmanlaryň öz gürrüňiňize ünsli bolmagyny siziň özüňiz isleýäňiz ahyry. Ýaňy-ýakynda öz ynamymyz barada gürrüň beren myhmanym, meniň janköýerlik edýän futbol toparyma «Mançester-Ýunaýtede» janköýerlik edýän eken. Günorta Afrikadaky gowy musulmanlaryň hemmesi diýen ýaly «Mançester Ýunaýtede» janköýerlik edýänligi üçin (galanlary «Liwerpulyň» ýa-da «Arsenalyň» tarapdary), men derrew şol topar barada gürrüňe başladym. Köplenç umumy gyzyklanmalaryň musulmanlaryň ýüregine barýan gapyny açyp, bize gyzyklanma döredýändigini tejribämden bilýärdim. Edil şu ýagdaýda oňa pikir edişimden has gowrak täsir edendigimi duýdum. Sebäbi ol gürrüňi meniň şaýatlygyma sowdy. «Meniň ejem mesihi, ol birnäçe ýyl mundan ozal yslamdan ýüz öwürdi. Ol Hudaý bilen ýaraşdy, menem çyn ýürekden şeýtmek isleýän. Siziň şaýatlygyňyz hakykatdanam maňa täsir etdi, şonuň üçin men siziň kitaplaryňyzy okamak isleýän» diýdi. Hut şol pursatda özümiň gitmelidigime düşündim-de, tizara ýene duşuşmaga söz berdim. Şeýle pursatlarda adamlary Mesihe getirmekde jemlenen biziň gullugymyzyň zerurlygy üstün çykmalydyr. Ol hiç haçanam biziň üçin wajyplygyny ýitirmeli däldir. 4. Jogaplary Mukaddes Kitapdan beriň Bu maslahatyň ähmiýetine aşa baha bermek mümkin däl. Mysal üçin, Üçbirlik baradaky sorag ara alnyp maslahatlaşylanda mesihiler köplenç nädip Hudaýyň üç Şahsyýeti Özünde jemläp bilýändigini düşündirip, Hudaýyň Sözüni öwredýän alymlar ýaly gürrüň etmäge çalyşýarlar. Birnäçe wagt geçenden soň şunuň ýaly çuň soraglaryň içinde edil musulmanlar ýaly azaşmalara köp duş gelýäris, sebäbi biziň düşünmeýän, anygyny aýtsam, bize düşünmeklige berilmedik zatlar köp. Başga bir ýagdaýlarda Üçbirligi düşündirjek bolup, mesihiler käbir mysallary ulanýarlar. Mysal üçin, suw bugam, buzam bolup bilýär. Ýumurtga belokdan, ak maddadan we gabykdan ybarat bolup, bir ýumurtgada jemlenen, diýip düşündirmäge synanyşýarlar. Şeýle düşündirişleri eşiden musulmanlar Üçbirligiň nämedigine düşünermikäler? Şu kitabyň «Hudaý, Ogul we Mukaddes Ruh» diýen bölüminde men şu soragy düşündirmekde daýanyp biljek iň güýçli serişdäňiziň nämedigini görkezdim. Bu şol üç Şahsyýetiň roly baradaky Mukaddes Kitabyň berýän düşünjesidir. Bu bolsa, bize başyny başlamaklygy ele almaga hem-de hakyky şaýatlyga gaýdyp gelmäge kömek berer. Mukaddes Kitap şeýle diýýär: Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli kesgir gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir. Ýewr. 4:12 Mukaddes Kitaby öwreniň. Hudaýyň Sözüni näçe gowy bilseňiz, musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde siziň tutarygyňyz şonça-da ynamdar bolar. Ol biziň üçin iň gowy gollanmadyr. Mukaddes Ruh üçin bolsa, diňleýjileri Mesihiň çagyryşyna seslenmäge höweslendirýän serişdedir. Hudaýyň Sözünde güýç gizlenendir. Bir zady öz sözüm bilen subut etmek islänimde, men köplenç goranyş ýagdaýda bolýardym. Mukaddes Kitaba ýüzlenen badyma bolsa, güýjüm täzelenýärdi. Şonuň üçin ony öz şaýatlygymyň çeşmesi hökmünde ulanýardym. Köp ýagdaýlarda bizden hiç zady subut etmek talap edilmeýär, diňe Mukaddes Kitapdaky aýady ýerlikli ulanyp bilsek ýeterlikdir. Şonda ol garşydaşymyza öz täsirini ýetirýär. Kimdir biri Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna hüjüm etse, onuň taglymatlaryna düşündiriş bermek, elbetde, zerurdyr. Ýene Mukaddes Kitabyň jogaplaryna salgylansaňyz, öz söhbetdeşiňize güýçli täsir edip bilersiňiz. Musulmanlara şaýatlyk edeniňizde, Hudaýyň Sözüni öwredijiler ýaly gürlemäge çalyşmaň. Hudaýyň Patyşalygynyň bardygyna adamlary ynandyrmaga siziň güýjüňiz ýetmez, sebäbi olar Hudaýyň merhemeti we bagyşlamasy hakyndaky habara ýürekden seslenmeli. Bu bolsa, diňe bir hakykat bilen ylalaşmaklygy däl-de, özüniň günälidigine düşünmegi hem-de çyndan toba etmegi talap edýär. Bu maksada ýetmegiň iň gowy serişdesi Mukaddes Kitapdyr. Musulmanlara Mukaddes Kitaby okamaga höwes döretmek üçin eliňizden gelenini ediň! 5. Musulmanlaryň delillerini şaýatlyk etmek üçin amatly sebäp hökmünde ulanyň Bu soňky, ýöne örän zerur maslahat. Ol meniň kitabymda hemişe peýda bolar. Musulmanlaryň delilleriniň öz şaýatlygyňyzy güýçlendirmegi üçin eliňizden gelenini ediň. Bu bolsa siziň islän ýagdaýyňyza eýe bolmagyňyza kömek eder, ýagny musulmanyň öz janyna hukugy bolan Mesihe jogap berip, siziň çagyryşyňyza seslenmäge ony mejbur eder. Eýýäm agzap geçen subutnamama gaýdyp barýarys hem-de näme edende onuň Hoş Habara aýratyn many berip biljekdigine seredip geçeris. «Hudaý nädip Öz Oglunyň ölmegine rugsat berdikä? Biz Isa Mesihi pygamber hasaplaýarys hem-de Ony Hudaýyň halas edendigine ynanyp, Oňa hormat goýýarys. Siz Onuň Hudaýyň Ogludygyny aýdýaňyz, şonda-da Ony haça çüýlänlerinde, Hudaýyň hiç zat etmändigini düşündirýäňiz. Biz bu zatlara ynanarys öýdýäňizmi?» diýip, musulmanlar aýdýarlar. Adatça bu dogry delil, musulmanlar hem onuň manysyna çyndan ynanýarlar. Munuň esasy sebäbi hem musulman maşgalalarynda ogullaryny ýokarrak tutup, olary goraýandyklaryndadyr. Bir musulman meniň bilen gürrüňdeşligi şeýle dowam etdirdi: «Siziň näçe ogluňyz bar?» — diýip, ol menden sorady. «Iki» diýip, men oňa jogap berdim. «Eger kellekeserleriň topary olaryň biriniň üstüne çozsa, sizem olaryň ony öldürjek bolýanyny bilseňiz, ony halas etmäge ylgamarsyňyzmy? Siz, näme, öz ogluňyzy söýmeýärsiňizmi?» Men şu duzaga düşen badyma: «Hawa, ylgaryn» diýip jogap berýärin, ol hem gürrüňdeşligi goýar-da: «Ogluny söýýän Ata hem Onuň üçin hut şeýle ederdi» — diýer. Emma indi men başgaça hereket edýän: «Jogap bermezden ozal, siziň subutnamalaryňyzy kämilleşdirmäge rugsat ediň. Eger köçede bir elim pyçakly, beýleki elime-de öldürmäge hyýallanan oglumy alyp barýanymy görseňiz näme edersiňiz? Bu has elhenç dälmi?» Musulman razylaşýar (indi ol meniň duzagyma düşýär). Eger şeýle bolsa, şeýle iş eden Ybraýymyň beýik pygamber hem-de atadygyna siz nädip ynanyp biljek? Gurhanyň bir süresine laýyklykda (37 süre 102–103 ), bir gün Ybraýym öz ogluny öldürmäge taýýarlanýar. Hudaý Ybraýyma “Öldürme” diýýär (Gelip çykyş 20:12). Öz ogluna şunuň ýaly etjek bolan Ybraýym barada siz nädip gowy pikir edip biljek?» Musulman aýgytly jogap berdi: «Siz düşünmeýärsiňiz. Ol düýbünden başga ýagdaýdy. Bu onuň Hudaýa bolan söýgüsini barlamak üçin synag bolupdy. Eger adam öz ogluny Hudaýa berip bilse, onda ol Onuň üçin hemme zady eder». Has hasyllyrak şaýatlyk etmek üçin gapy açyldy. Bu bolsa Hoş Habary ýöne bir aýdandakydan has gowy bolýar. «Dogry, — diýip, men jogap berdim, — Hudaý barada hem hut şuny aýdýaryn. Ol ýöne bir synagçy bolup durmady-da, Öz Ogluny bizi günälerimizden halas etmek üçin meýletin berdi. Bu Onuň iň beýik söýgüsiniň subutnamasydyr» (Ýahýa 3:16). Men dowam etdim: «Hudaý Ybraýymyň ogluny gorady, ýöne Öz Ogluny goramady. Ybraýyma Hudaýa bolan söýgüsini gowy subut etmek üçin ogluny gurban getirmegi buýruk bermek bilen, Özüniň bize bolan söýgüsine iň beýik subutnama görkezmek üçin Hudaý şeýle etmek isleýändigini görkezmek isledi. Hudaýyň haçda biziň üçin iň ajaýyp işi edendigini mesihiler bilýärler. Yslamda şunuň bilen deňeşdirer ýaly näme bar? Alla şunuň ýaly söýgi gurbanlygy bilen bäsleşip bilermi?» Gürrüňdeşlik Hoş Habara hüjüm hökmünde başlanypdy. Gutaranda bolsa, has manyly şaýatlyk hökmünde boldy. Eger gürrüňdeşim öz subutnamasyny öňe sürmedik bolsa, şeýle bolmazdy. Musulmanlaryň subutnamalaryny öz şaýatlygyňyzyň tassyklanmagy üçin ulanyň. Musulmanlary garşy çykmalardan we jedellerden daşlaşdyryň-da, ony gerek zada — Hoş Habaryň şaýatlygyna gaýtaryp getiriň. Ahyrynda ýene bir gezek bellemek isleýärin: musulmanlara tarap ugur tapmagyňyz hem edil berýän gürrüňiňiz ýaly zerurdyr. Serediň: edýän gürrüňiňizi, berýän zatlaryňyzy kiçigöwünlilik we söýgi bilen ediň. Jon Gilkrist Benoni. Günorta Afrika 1999 ýyl Mart aýynyň 20-si. 1. MUKADDES KITABYŇ KÄMILLIGI MUKADDES KITABYŇ WE GURHANYŇ TEKSTLERINIŇ HAKYKYLYGY 1.1. Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalary Musulman: Mukaddes Kitap köp gezek üýtgedildi, şonuň üçin ony Musa, Isa we beýleki pygamberlere açylan hakyky Ýazgy hasaplap bolmaz. Mukaddes Kitabyň hakykydygyna hem-de ynama mynasypdygyna siziň nähili subutnamaňyz bar? Köp ýyllar mundan ozal bir ýaş musulman aýal menden: «Mukaddes Kitap haçandyr bir wagt üytgedildimi?» — diýip sorady. Menem: «Elbetde, ýok» — diyip, jogap berdim. Şonda ol şeýle diydi: «Eýsem ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny öwretmeýärmi?» «Öwredýär, gaýtalap-gaýtalap öwredýär» diyip tassykladym. Ol şeýle jogap berdi: «Onda ol üýtgedilen bolmaly». Musulman awtorlarynyň işlerini okan islendik mesihi olardaky Mukaddes Kitabyň tekstleriniň hakykydygyny ret edýän delillere gabat geleninde, şol delilleriň diýseň ejiz we ynandyryjy däldigine haýran galar. Bu zat diňe bir sebäbe görä bolýar, ýagny musulmanlar Mukaddes Kitabyň teksleriniň dolulygyna saklanandygyny, oňa üýtgeşmeler girizilendigini subut edýän degerli subutnamalary tapandygy üçin däl-de, Gurhanyň Hudaýyň Sözüdigi baradaky özleriniň tassyklamalaryny goldamagy üçin garşy çykýarlar. Biri-birine garşy bolan iki Kitap Hudaýyň Sözi bolup bilmez. Yslamyň taryhynyň birinji asyrlarynda musulmanlar Mukaddes Kitabyň aýdyňdygyny, Isa Mesihiň hudaýlygyny hem-de Onuň amala aşyran gutaryşy ýaly esasy mesihi taglymatlaryny kesgitli beýan edýändigini açyp görkezenden soň hem olar Mukaddes Kitaba obýektiw taýdan seredip bilmediler. Şondan bäri-de olar çaklamadan başga hiç zat bolmasa-da, Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigini subut etmäge çalşyp gelýärler. Musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň hakykydygyna ynanmaýandygynyň sebäbi, başga saýlawyň ýoklugynda jemlenendir. Eger olar Gurhana wepaly boljak bolsalar, onda Mukaddes Kitaba ynanyp bilmeýärler. Mukaddes Kitabyň tekstleriniň üýtgedilmändigi baradaky subutnamalary bilmek zerurdyr, ylaýtada, yslam peýda bolmazdan köp asyrlar öň bar bolan hakyky golýazmalaryň bolandygyny, şu günki elimizde tutýan Mukaddes Kitabymyzyň ýehudylaryň hem-de ilkinji mesihileriň ýeke-täk hasaplan Mukaddes Ýazgylarydygyny subut edýän maglumatlaryň subutnamalaryny bilmek wajypdyr. Mukaddes Kitabyň üç sany esasy golýazma sanawy Gurhandan birnäçe ýüz ýyl öň peýda bolan Mukaddes Kitabyň grek dilinde üç sany esasy golýazma sanawy şu wagta çenli saklanylyp gelinýär. (Köne Äht we Täze Ähtiň tekstleriniň asyl nusgasy hem şunuň içinde). 1. Aleksandr sanawy. Biziň eramyzyň V asyrynda ýazylan bu tom Täze Ähtiň (ýagny Matta 1:1–25:6, Ýahýa 6:50–8:52, 2 Kor. 4:13–12:6) sahypalaryndan başga Mukaddes Kitaby durşuna özünde jemleýär. Ol häzirki Mukaddes Kitabyň bir bölegi bolmadyk hiç bir zady öz içine almaýar. Bu golýazma Londonyň Britan muzeýinde saklanýar. 2. Sinaý sanawy. Bu IV asyryň aýaklary bilen senelendirilen gadymy golýazmadyr. Ol Täze Ähti durşuna, Köne Ähtiň hem köp bölegini öz içine alýar. Ol ýüzýyllyklaryň dowamynda Sankt-Peterburgyň imperator kitaphanasynda saklanylýar, soň ýüz müň funta britan hökümetine satylýar. Ol hem şondan bäri Britan muzeýinde saklanylýar. 3. Watikan sanawy. Belki bu Mukaddes Kitabyň golýazmalarynyň dolulygyna saklanylan iň gadymy sanawydyr. Ol IV asyrda ýazylan diýip çaklanylýar. Häzir bolsa, ol Rimdäki Watikan kitaphanasynda saklanylýar. Täze Ähtiň soňky bölegi (Ýewr. 9:14-den başlap Ylhamyň soňuna çenli) başga el bilen ýazylyp, şoňa çenli ýazylan hatdan tapawutlanýar (belki, teksti ýazyp başlan adam haýsydyr bir sebäbe görä işini gutaryp bilen däldir). Bu golýazmalar azyndan Muhammediň dogulmazyndan iki ýüz ýyl öň Ýygnaga berlen ýeke-täk Ýazgylaryň, bize belli bolan Köne we Täze Ähtlerdigini ynandyryjylykly subut edýär. Mukaddes Kitabyň hakykydygyny tassyklaýan başga şaýatlyklar Mukaddes Kitabyň hakykydygyny subut edýän başga-da köp şaýatlyklar bar. Olar yslam döremezinden birnäçe asyrlardan öňki döwre gabat gelýär. 1. Masoret tekstleri. Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalary diňe bir mesihilere däl-de, eýsem Köne Ähti özlerine berlen ýeke-täk Ýazgy hasaplaýan ýehudylara ýazylypdyr. Bu tekstler Köne Ähtiň asyl nusga dili bolan gadymy ýewreý dilinde ýazylan we olaryň ýaşy pesinden müň ýaş hasaplanylýar. Olar Masoret tekstleri hökmünde bellidir. 2. Öli deňziň golýazmalary. Ysraýyldaky Öli deňziň golaýyndaky Kurman çölüniň gowaklaryndan tapylan bu golýazmalar Köne Ähtiň gadymy ýewreý dilindäki köp bölegini özünde saklaýar. Olar biziň eramyzdan öňki II asyra degişli hasaplanylýar. Olaryň içinde Isa Mesihiň ölümini we direlişini (Işaýa 53:1–12), Onuň ejesiniň göwresinde peýda bolşuny (Işaýa 7:14), Onuň hudaýlylygyny (Işaýa 9:6–7) welilik edýän Işaýa Pygamberiň Kitabynyň iki göçürmesi bar eken. 3. Septuaginta. Septuaginta — bu Köne Ähtiň grek diline edilen ilkinji terjimesi. Ol biziň eramyzdan öň II asyrda ýazylypdyr hem-de öz içinde Mesihiň geljekdigini, Onuň Hudaýyň Ogludygy baradaky pygamberlikleriň hemmesini (Mezmur 2:7; Ýyl Ýazgylarynyň 1-nji kitaby 17:11–14), onuň çekjek ejirleriniň birnäçesini hem-de gutulyş berýän ölümi baradaky welilikleri saklaýar (Mezmur 22, 69). Irki Ýygnak Serpuagintany giňden peýdalanypdyr. 4. Wulgata. Biziň eramyzyň IV asyrynda Rim-katolik ybadathanasy Sertuaginany we Täze Ähtiň gadymy grek golýazmalarynyň sanawyny ulanyp, Mukaddes Kitaby dolulygyna latyn diline terjime edýär. Şol sanaw Wulgata hökmünde belli bolup, özünde Köne we Täze Ähtleriň bize häzir belli bolan görnüşini saklaýar. Şol terjime Rim-katolik ybadathanasy üçin standart tekst hökmünde tassyklanyldy. 5. Täze Ähtiň grek tekstinden bölekler. Biziň eramyzyň II asyryndan bäri saklanylyp gelýän Täze Ähtiň grek tekstiniň asyl nusgasynyň köp bölekleri bar. Olaryň hemmesi birleşip, Täze Ähtiň bize belli bolan mazmunyny düzýär. Şol şaýatlyklary Isa Mesih doglanyndan müň ýyl töweregi geçenden soň ýazylan grek we rim nusgawy eserler bilen deňeşdirmek diýseň gyzyklydyr. Täze Ähtiň grek teksti ýaly golýazma şaýatlygy köp bolan başga edebi eser şol döwürde bolmandyr. «Mukaddes Kitap Isa Mesihiň durmuşyny we taglymatyny ýoýulan görnüşde berýär» diýýän musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde esasy bellemeli zat — bu Mukaddes Kitapda hiç hili ýoýulma ýol berilmändigidir. Ýygnak tarapyndan ret edilen şu günki Mukaddes Kitabyň içine girmedik hemme kitaplar, hiç bolmanda manysynyň umumylygy boýunça, Täze Ähtiň golýazmasynyň ugruna eýerýärler. Aslynda Isa Gurhanyň nygtaýşy ýaly Yslamyň pygamberi bolupdyr diýen pikiri goldaýan taryhy şaýatlyklar ýokdur. Ahyrsoňunda, biziň okaýan Mukaddes Kitabymyzyň üýtgedilendigini tassyklaýan taryhy maglumatlary getirmegini musulmandan haýyş etsek erbet bolmazdy. Ilki başda Mukaddes Kitap nähilidikä? Üýtgeşmeleri kim girizdikä? Haçan şeýle bolupdyr? Gürrüňdeşiňizden Mukaddes Kitabyň tekstini üýtgeden belli bir adamyň adyny aýtmagyny, bu işiň haçan edilendigini görkezmegini haýyş ediň. Olaryň şeýle edip bilmejekdigine doly göz ýetirersiňiz, sebäbi şeýle subutnamalar düýbünden ýok. Ýatda saklaň — musulmanlaryň gazaply çozuşy bar bolan esasly ylmy subutnamalara däl-de, çaklamalara daýanýar. Olaryň pikiriçe, Mukaddes Kitap Gurhana garşy çykýan bolsa, onda üýtgedilen bolmaly. Gynansakda, köplenç musulmanlar Mukaddes Kitap bilen ondaky taglymatlary öwrenmek isläp däl-de, özleriniň çaklamalaryny tassyklaýan ýalňyşlary tapmak üçin tanyşýarlar. 1.2. Gurhanyň gadymy golýazmalary Musulman: Bagtymyza, biziň Gurhanymyz zeper ýetirilmän abat saklanypdyr, ondaky ýekeje hat hem ýitirilmändir. Mukaddes Kitapdan tapawutlylykda, Gurhan hiç haçan üýtgedilmändir, bu şübhesizdir, bu hem Gurhanyň Hudaýyň halal Sözüdigini subut edýär. Musulmanlary çagalykdan Mukaddes Kitap üýtgedilen, Gurhan bolsa keramat bilen üýtgedilmän galan diýip, uly ýalňyşlyga alyp barýarlar. Aslynda Mukaddes Kitabyň Gurhana seredende öz tekstleriniň hakykylygyny subut edýän welilikleri örän köp. Eger oýlanyp görsek, Mukaddes Kitap 66 kitapçadan ybarat bolup, iki müň ýylyň dowamynda diýen ýaly düzülipdir. Gurhan bolsa göwrümi taýdan hem kiçi bolup, ýigrimi üç ýylyň dowamynda bir adam tarapyndan döredilipdir. Şeýlelikde ähli esaslanmalar hut Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözi hasaplanmaga hukugynyň bardygyna ynam döredýär. Mukaddes Kitabyň tekstleriniň üýtgedilendiginiň garşysyna, Gurhanyň gadymy golýazmalarynda üýtgedilmäni tassyklaýan nähili subutnamalaryň bardygyna seredip geçeris. Gurhanyň tekstiniň düzülişi Gurhan Muhammet dirikä ýazylmandyram, umumy bir tekst edilmändirem. Muhammediň ömri we taglymaty baradaky iň ynamdar ýazgylarynda Gurhanyň köp böleginiň oňa ölmezinden birneme öňräk goýberilendigi, köp ylhamlary bolsa, onuň şol döwürde alandygy barada ýazylypdyr (as-Sahih al Buhary 6 t. 474 sah.). Şonuň üçin olary bir kitaba jemlemegiň zerurlygy bolmandyr. Sebäbi şol wagt Muhammet diri eken we täze ylhamlara garaşmak mümkin bolupdyr. Diňe Muhammediň ölüminden soň Gurhanyň golýazma sanawlaryny bir ýere jemlemäge ilkinji synanyşyklar edilipdir. Muhammediň gönüden-göni mirasdüşeri (halyf) Abu Bekiriň Gurhany ýatdan gowy bilýän hapyz Zeýd ibn Sabiti Gurhany bir ýere jemlemäge ruhlandyrylandygyny Al-Buhary nygtaýar. Birneme wagt geçenden soň ýaş hapyz dürli çeşmelere, ylaýta-da, Gurhanyň süreleri ýazylan palma ýapraklaryna, ýukajyk daşlara, şeýle hem Gurhany ýatdan bilýän adamlaryň aýdanlaryna daýanmaga mejbur bolandygyny ýazýar. Diňe bir adam — Abu Huzeýin al-Ansari — (şol ýere 478 sah. seret) bir aýady ýadynda saklapdyr. Bularyň hemmesini nazara alsak, onda Gurhany bir tekste jemlemekde bularyň degerli maglumat bolandygyna şübhelenýärsiň. Halyfyň öz tabşyrygy boýunça düzülen tekstden tapawutlylykda, bu golýazmanyň şol wagt çynlakaý ähmiýeti bolmandyr. Ol Muhammediň aýallarynyň biri bolan Hafsanyň şahsy arhiwinde saklanyp galypdyr (as-Sahih al-Buhary 6 t. 478 sah.). Beýleki golýazmalar Muhammediň ýakyn egindeşleri tarapyndan nygtalypdyr. Olaryň iň meşhurlary bilen tanyşmak wajypdyr. 1. Abdallah ibn Masud. Ol yslamy ilkinji bolup kabul edenleriň biri. Ýazyşlaryna görä, Gurhany kimden öwrenmelidigi barada aýdanda, Muhammet dört sany esasy şahsyýeti agzanda, hemişe Abdallahyň adyny ýatlayan eken (Şol ýerde 5 t. 9 sah.). Onuň Gurhanyň ilkinji gol ýazmasyny Kafda düzendigi hemmä mälim. Şol ýerde Gurhan resmi tekst bolýar. Ýazmaça şaýatlyklara görä, Abdallah ibn Masud özüni Gurhany gowy bilýän hasaplapdyr (Şol ýerde 6 t. 488 sah.). 2. Salim, Abu Huzaýfanyň azat eden guly. Ol Muhammediň aýdýan dört şahsyýetiniň ikinjisi. Ol Muhammet ölenden soň tizara Ýamamanyň yanyndaky söweşde öldürilen bolsa hem, ol barada Gurhany muşafa — golýazma ýa-da kodekse ýygnan ilkinji adam hökmünde ýatlaýarlar (Al Itkan fi Ulum al-Kuran as Suýuti 1 t. 135 sah.). 3. Ubaýý ibn Kaab. Ol hem şol dörtleriň sanawyna girýär. Aýtmaklaryna görä, Muhammet Alladan Gurhany şonuň okamagynda diňlemeli diýen tabşyrygy alypdyr. Ol seýid al-karra (beýik çeper okyjy) hökmünde tanalypdyr. Ol hem Gurhanyň tekstini özüçe düzüpdir. Şol tekste Siriýada uly hormat goýulýar. Başga-da köp sanawlar şol döwürde göçürilipdir. Şeýle-de bolsa, diňe Alynyň, Ibn Abbasyň, Abu Musanyň, Anas ibn Mäligiň we Ibn az Zubeýranyň golýazmalary resmi taýdan tassyklanypdyr. Osmanyň beýleki golýazmalary ýok etmek baradaky buýrugy Muhammediň üçünji mirasdüşeri (halyfy) Osmana Gurhanyň her welaýatdaky musulmanlar tarapyndan okalyşynda tapawut bardygy belli bolýar. Osman bütin halky muşaf wahidiň (bir tekstiň) daşyna ýygnama kararyna gelýär. Şol wagt Medinede Hafsada bar bolan Zeýdanyň sanawyndan ýedi sany takyk nusga taýýarlap, her welaýata birini goýbermegi, Gurhanyň bar bolan beýleki golýazma sanawlaryny bolsa ýakmagy buýruk berýär (as–Sahih al Buhary 6 t. 479 sah.). Abdallah ibn Masud bilen Ubaýý ibn Kaabyň golýazmalary bolsa, aýratyn ýygnalyp, ýok edilipdir. Abdallah ibn Masud ilki başda buýruga güýçli garşy çykýar. Zeýdiň golýazmasy hiç kim tarapyndan resmi tekst hökmünde kabul edilmändir. Onuň şol wagt ulanylandygynyň sebäbi, ol Medinede bolup, hemmelere elýeter eken. Mundan başga-da, belli bir musulman toparynyň kitabyna meňzeş bolmandyr. Abdallah Muhammediň hut özünden 70 süre alan wagty, Zeýdiň entek çagajyk bolandygyny aýdyp, arz edýär we näme üçin öz ýazan zatlaryny taşlaýandyklaryny soraýar (Kitab al-Masahif Ibn Abi Daud 15 sah.). Şeýle hem ol golýazmanyň doly dogry däldigini kakdyryp, Zeýdiň okaýşynyň Muhammediň özüniň okaýşyndan ileri tutulýandygyny aýdyp, onuň üstüni: «halk Gurhany okanda, ýalanda günälidir“ diýmek bilen ýetirýär (Kitab al-Tabakat al-Kabir Ibn Saada 2 sah. 444). Zeýdiň golýazmasynyň bary-ýogy gadymy golýazmalaryň biri bolandygy hem-de ony iň gymmat hasaplamaga hiç hili esasyň ýoklugy barada subutnamalar köp bolsa-da, Osman ony Gurhanyň resmi teksti hökmünde kabul edýär, ol hem şu güne çenli şol durşuna gelip ýetipdir. Soňrak şu bapda, Gurhanyň ähli irki golýazmalaryndaky okalyşyň ýüzden birnäçe görnüşi bilen Mukaddes Kitapdaky azajyk dürli okalyşlaryň arasyndaky deňeşdirmä serediler. Häzir bolsa, Muhammediň Gurhanyny iň gowy bilýän, ony şolardan öwrenmek zerur hasaplan, iň ýakyn iki egindeşiniň ýazan Gurhanynyň golýazma sanawyny oda beren Osmanyň hereketine üns bermek gerek. Mukaddes Kitap öz duşmanlary tarapyndan bir gezek ýakyldy. Osman bolsa, elindäki görnüşinden tapawutlanýan Gurhanyň ähli golýazma sanawyny ýakdy. Dürli welaýatlarda iň abraýly hasaplanan, giňden tanalan sanawlar oda berlip, Hafsanyň düşeginiň aşagynda saklan golýazmasy ileri tutulýar! Bu wakalar biziň Mukaddes Kitabyň tekstlerine degişli seredip geçen şaýatlyklarymyz bilen ters gelýär. 1.3. Markusyň Hoş Habarynyň 16-njy babyndan we Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babyndan bölekler Musulman: Hoş Habarda käbir gadymy golýazmalarda bar, emma beýlekilerinde ýok bolan iki bölek bar. Mukaddes Kitabyň terjimesine gaýtadan seredilen standartyň käbir neşirleri olary tekste goşýarlar, käbirleri bolsa goşmaýarlar. Munuň özi Mukaddes Kitabyň üýtgemelere sezewar edilendiginiň anyk subutnamasy dälmidir? Mukaddes Kitabyň göwrüminiň ululygyna seretmezden (Gurhandan 5 esse uly), onuň hakykylygyna kiçijik bir şübhe döredip biläýjek bary-ýogy iki bölejigi bar. Olar müň sahypadan-da köpräk göwrümli bolan Kitapda bir sahypany-da eýelemeýär. Geliň, olara seredip geçeliň. Markusyň Hoş Habary (16:9–20): Ölümden direlenden soň Isanyň adamlara görnüşi Bu bölejik Isanyň ölümden direleninden we göklere alnandan soňky adamlara görnüşlerini suratlandyrýar. Şu bölejik Markusyň iň gadymy golýazma sanawlarynda ýok, ýöne birneme şondan soňky ýazylan grek tekstlerinde bu bölejik Kitaby jemleýär. Şu kiçijik bölejigi kimdir-biri Markusyň Hoş Habaryna goşaýdymyka? Täze Ähti düzýän Kitaplara başga üstiýetirmeleriň goşulan bolmagynyň (Ýahýa 8:1–11-den başga) mümkindigi dogrusyndaky ýagdaý ýüze çykarylmady. Emma şu bölejigiň asyl nusgadan soň birnäçe asyr geçenden soň oýlanylyp tapylyp, onuň tekstiň bir bölegi hökmünde haýsydyr bir ýol bilen goşulandygy şübhe döredýär. Onuň irki golýazmalarda näbelli sebäplere görä ünsden sypdyrylan, hakyky tekstiň bir bölegi bolan bolmagy mümkin. Hoş Habarlaryň dördüsiniňem jemleýji bölümi bar. Şol böleksiz Markusyň Hoş Habary jemleýji bölümsiz galardy. Onda üç aýala Jelilä gitmegi tabşyrýan, şol ýerde-de Isany görüp biljekdiklerini aýdýan perişdeler suratlandyrylýar. Soň Mesihe näme bolandygyny görkezmezden, Hoş Habar ýarty ýolda çala taşlanyp gutarmazdy. Başga bir sorag ýüze çykýar, şol bölejik bütin Täze Ähtiň taglymatyna garşymy? Ine, birnäçe ýerlikli bellikler. 1. Isanyň magdalaly Merýeme görnüşi. 9–11-nji aýatlar Mesihiň magdalaly Merýeme direlen güni görnendigini habar berýär. Bu waka Ýahýa 20:11–18-de jikme-jik suratlandyrylýar. 2. Onuň iki şägirdine görnüşi. Ýokardakynyň yz ýanyndan şol gün, birneme wagt geçenden soň, Isanyň iki şägirdi bilen gürleşendigi gysgaça aýdylýar. Bu waka hem Lukanyň Hoş Habarynda 24:13–35-de takyk berilýär. 3. Mesihiň on bir şägirdine beren tabşyrygy. Şondan soň, Iuda ölenden soň, Isa on bir şägirdine görünýär. Ol olara Hoş Habary Hudaýyň ähli bendelerine ýetirmegi tabşyrýar. Bu wakanyň hem Matta 28:19 we Luka 24:36–43 bilen meňzeşligi bar. 4. Mesihiň göge alnyşy. Bu bölejik Mesihiň göge alnyşy, şägirtleriniň bolsa, Onuň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin dargaýşy bilen jemlenýär. Bu hem Resullaryň işleriniň 1-nji babynda tassyklanylýar. Bu bölejigiň her bir wakasy Täze Ähtiň beýleki Kitaplarynda gaýtalanylýar. Musulmanlar mesihileriň Mukaddes Kitabyndaky ýazylan häzirki zaman taglymatlaryň ilki başda ýazylandakysyndan tapawutlanyp, bütin Kitabyň asyl nusgadan tapawutlanýandygyny, yslam bilen ylalaşýandygyny subut etmäge çalyşýarlar. Bu bölejigiň daşyndaky çekişmeleriň jedel edilýän zatlara ýekeje-de dahyly ýok. Ondaky ýekeje söz hem Täze Ähtiň tekstiniň bir ýerinde-de gapma-garşylyga duş gelmeýär hem-de eýýäm görşüňiz ýaly, her bir ýazylan wakanyň Mukaddes Kitapda ugurdaş ýeri bar. Ýahýanyň Hoş Habary (8:1–11): zynada tutulan aýal Täze Ähtdäki birnäçe nätakyklyk bar bolan bir bölek — bu Ýahýanyň Hoş Habarynda, 8:1–11-de ýazylan Isa we zynada tutulan aýal baradaky taryhdyr. Käbir gadymy golýazmalarda bu bölek hut şu ýerde ýazylan, käbirlerinde ol asla ýok, ýöne başga birinde bolsa ol Lukanyň Hoş Habarlaryna doldurgyç hökmünde goşulypdyr. Ähtimal, ilkinji mesihileriň döwründe şeýle umumy pikir bolandyr — taryh edil bolşy ýaly saklanandyr, ýöne Ýazgylardaky bolmaly anyk ýeri bolsa — jedelli sorag. Aslynda bu bölegiň ilki başda edil häzirki duran ýerinde, Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň başynda duran bolmagynyň mümkindigini goldaýan birnäçe sebäpler bar. 1. Musanyň we Isanyň gullugyny deňeşdirme. Musanyň çäklendirilen gullugy bilen Hudaýyň niýetleriniň Isa Mesihde amala aşyşy baradaky deňeşdirme bütin Hoş Habaryň içinden erş-argaç bolup geçýär. «...Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa, merhemet we hakykat peýda boldy» (Ýahýa 1:17) diýen sözler şu taglymaty gysgaça jemleýär. Mysal üçin, Musa halkyny kyrk ýylyň dowamynda çörek bilen iýmitlendirendigine seretmezden öldi. Ebedi ýaşaýşyň çöregi bolan Isadan iýmitlenen adam bolsa, ebedi ýaşar (Ýahýa 6:31–35). Halk ýöne bir Musanyň kanunlaryny ýerine ýetirmek üçin sabat güni sünnetleme dessuryny geçirýär. Isa bolsa «sabat güni bir adamy büs-bütin sagaldýar» (Ýahýa 7:23). Şu aýatda bolşy ýaly, Musanyň kanuny zynada tutulan aýaly günäde aýyplaýar, ýöne Isanyň taglymatynyň nurunyň täsiri bilen aýaly aýyplaýanlar özleriniň günälidiklerine düşünip, ol ýerden gidýärler (Ýahýa 8:7–9). Aýal bolsa, Mesihiň sowgat beren halas ediş merhemetine akyl ýetirýär (Ýahýa 8:10–11). 2. Isa «naçar» diýen sözi ulanýar. Ähli ýehudy ýaşulylary dargandan soň Isa nika wepalylygyny bozmakda aýyplanan aýala ýüzlenip: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýýär (Ýahýa 8:10). «Naçar» sözüniň hormat bilen adaty bolmadyk ulanylyşy («jenap» diýen söz ýaly), Ýahýanyň Hoş Habarynda birnäçe ýola gabat gelýär (Ýahýa 2:4, 20:15), emma beýleki Hoş Habarlarda gabat gelmeýär. 3. Wakalaryň many taýdan yzygiderliligi. Şu Hoş Habarda şuňa çenli ýatlanylmadyk fariseýler, hiç bir sözbaşysyz, Ýahýa 8:13-de eýýäm Isa bilen gürleşip oturan ýagdaýda peýda bolýarlar. Şeýle-de bolsa, munuň sözbaşysyna 3-nji aýatda duş gelýäris. Şeýlelikde, Ýahýa 8:1–11- däki Isa bilen olaryň arasyndaky gyzgyn jedeliň şu babyň indiki böleginde dowam edýändigi gürrüňsizdir. Ýahýa Hoş Habarynyň bütin dowamynda Isanyň hereketleriniň ýehudylarda we kanunçylarda çekişme hem-de jedel döredýän ýagdaýlaryny ýazypdyr (Ýahýa 6:1–59). Şeýlelikde, zynada tutulan aýalyň taryhynyň yzyndan, Isanyň olar bilen eden gürrüňi bolmasa, Hoş Habaryň ýazaryna mahsus bolan şol tertip bozulardy. 4. Isa we Musa: günäde aýyplama. Ýaşulular bilen jedelleşende, Isa olara: «Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz?» diýip, sorag berýär (Ýahýa 8:46). Eger zynada tutulan aýalyň taryhy bolmadyk bolsa, bu sorag öz başyna hiç zada dahylsyz bolup galardy. Hut şu ýerde hem (Ýahýa 8:7) Isa dogumlylyk bilen olara ýüzlenip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki atsyn» diýýär. Muňa jogap edip, ýaşululardan başlap hemmesi gidýärler. Isa bolsa, aýal bilen ýeke galýar. Bu çürt-kesik sözleriň manysy düşnükli — Ol hemmeleriň günälidigini paş etdi, ýöne olaryň haýsysy Onuň Özüne şu soragy berip bildi? Ynandyryjy däl bolsa-da, Ýahýa 8:1–11-iň häzirki duran ýeriniň öz ýeridigini subut edýän çynlakaý deliller bar. Şeýle bolsa-da, bolmasa-da, bu wakada Täze Ähtiň taglymatyna ters gelýän zat ýok. Şonuň üçin bu bölümiň ýa-ha sypdyrylandygyny, ýa-da Mukaddes Kitaba goşulandygyny hem-de ilki başdaky yslamdan mesihilige alnyp, Mukaddes Kitabyň taglymatyny üýtgedendigi barada hiç hili degerli subutnamalar ýok. Ýokarda seredip geçen böleklerimize garşy öňe sürülýän deliller takmyndanam musulmanlaryň hukdaý-nazaryny tassyklamaýar. Eýýäm aýdyp geçişimiz ýaly, bu bölekler tekstiň bir sahypasyny-da eýelemeýär. Şonuň üçin olaryň kömegi bilen Mukaddes Kitabyň durşuna üýtgemelere sezewar edilendigini subut edip bolmaz . Munuň tersine, biz indi ilkibaşda Gurhanyň tekstiniň bölegi bolup, soňam olaryň sypdyrylandygyna subutnamalaryň nähili köpdügini görkezeris. Gurhanyň ilkibaşdaky tekstiniň dolulygynyň Mukaddes Kitabyň dolulygyna seredende has köp şübhe döredýändigini ýene bir ýola göreris. Mukaddes Kitap Gurhana görä 5 esse uly hem-de köp wagtlap ir we dowamly döwrüň içinde ýazylan bolsa-da, köp şübhäni özünde saklamaýar. 1.4. Gurhanda ýetmezçilik edýän bölekler Musulman: Gurhan doly ýazylan Kitapdyr. Ol ilkibaşda şol bolşuna-da biziň keramatly Pygamberimize açylypdyr. Oňa hiç haçan hiç zat goşmadylar we ondan hiç zady aýyrmadylar. Bu bolsa, onuň Allanyň halal Sözüdigini subut edýär . Musulmanlaryň arasynda ýaýran bu ynamyň garşysyna häzirki Gurhanyň doly däldigini subut edýän köp şaýatlyklar bar. Yslamyň gülläp ösen döwründe Abdallah ibn Omar şeýle diýmäge mejbur bolupdyr: Hiç kim “Men Gurhany dolulygyna öwrendim” diýmeli däldir. Eger Gurhandan köp zatlar ýiten bolsa, onda adam ony nädip dolulygyna öwrenip bilsin? Gowusy, goý, şeýle diýsin: “Men saklanyp galan zatlary öwrendim”. Al Itkan fi Ulum al-Kuran as-Suýuti 524-nji sah. Ilkibaşdan Gurhana girendigi aýdylan köp bölekler, aýatlar, hatda tutuş baplaram onuň içinde ýok. Ine, birnäçe wajyp mysallar. Gurhandan dolulygyna ýok bolan süreler Muhammediň ýakyn edindeşi, Gurhany öwretmekde meşhur bolan iň irki adamlaryň biri Abu Musa ibn Aşarynyň hat üsti bilen galdyran şaýatlyklaryna laýyklykda, ol Gurhany okaýjylary Basrada okadypdyr. Ol şeýle ýazýar: Adatça biz süreleri “Tobanyň” 9-njy süresi ýaly uzynlykda we kynçylykda okaýardyk. Şeýle-de bolsa, men ýadymda galan “Eger Adam atanyň ogly üçin baýlykdan doly iki jülge bolan bolsa, onda ol nebsewürlik bilen üçünjini-de islärdi, Adam atanyň oglunyň gözüni-garnyny toprakdan başga hiç zat dolduryp bilmez” diýen bölejikden başgasyny ýadymdan çykarypdyryn. As-Sahih Muslima, 2 t. 501 sah. Bu rowaýat Muhammediň dana sözleriniň toplumlarynyň iň meşhurlarynyň birinde saklanyp galypdyr. Muhammediň durmuşy baradaky ýazgylaryň iň hakykylarynyň biri-de as-Sahih al-Buharynyň ýazgylaryndan soň al-Sahih Muslimiň ýazgylary hasaplanýar. Anas ibn Mälik, ibn Abbas ýaly Muhammediň egindeşleri hem Muhammediň aýdan aýatlarynyň Gurhana girendiginiň belli däldigini aýdýarlar. Abu Musa yslamyň dörän ilkinji günlerinde Muhammediň egindeşleriniň aýdan başga bir süresini ýatda saklapdyr: Adatça biz Musabbihidäkä meňzeş süreleri aýdýardyk, men ony ýatdan çykarypdyryn. Şonda-da ondan käbir zatlar ýadyma düşýär: “Eý, siz, iman edenler, näme üçin etmeýän zatlaryňyzy aýdýarsyňyz” (61 süre, 2 aýat) hem-de “Biz her bir adamyň boýnuna bir guş berkitdik we onuň üçin ölümden direlme güni üçin kitap ýazarys. Ol ony açyk ...garşy alar... ” 17-nji süre, 13-nji aýat Musabbiha bäş süreden ybarat bolan (57, 59, 61, 62 we 64) ýygyndydyr. Ol şu sözler bilen açylýar: «Ýerdäki we gökdäki zatlaryň hemmesi, goý, Allany öwsün». Hiç bolmanda ýitirilen iki süräniň bu ýazgylary musulmanlaryň nygtaýşy ýaly, Gurhanyň doly we kämil däldigini subut edýär. Olar biziň eýýäm seredip geçen Markusyň we Ýahýanyň Hoş Habarlaryndaky böleklere garşy delilleri öňe sürende, olara şu süreler barada ýatlatmak peýdalydyr. Gurhanda ýetmezçilik edýän aýatlar Muslimiň, as-Sahihiniň rowaýatlarynda ýatlanyp geçilen aýatlaryň üstesine-de, häzirki Gurhanda sypdyrylan bölekleriň bardygyny subut edýän deliller bar. Ine, olaryň birnäçesi: 1. Allanyň dini — al-Hanifiýa. At-Tirmiziniň Jamy as-Sahihindäki rowaýatyna görä, aşakdaky aýat birwagtlar Gurhanyň 98-nji süresiniň bir bölegi bolupdyr: Ýehudylaryň, mesihileriň dininden tapawutlylykda al-Hanifiýa (Hakykat Ýoly) Allanyň dinidir hem-de päk ýürekliler sylagsyz galmaz. Al-Itkan fi Ulum al-Kuran as-Suýuti 525 sah. Bu bölegiň bir wagtlar 98-nji süräniň bir bölegi bolan bolmagy gaty mümkin, sebäbi onuň kontekstinde gabat gelýän sözler ýokarky bölekde-de ulanylýar, ylaýtada, din, amal (etmek) we hunafa (hakyky) ýaly sözler. Şu süräniň beyleki böleklerinde Allanyň ýolunyň ýehudylaryň we mesihileriň ýoluna garşydygy bellenilýär — bu bolsa, şol aýadyň häzirki Gurhanda ýokdugynyň ýerlikli subutnamasydyr. 2. Zyna sebäpli günäli bolany daş bilen urmak. Muhammediň iň ýakyn egindeşleriniň biri, onuň ikinji mirasdüşeri Omar ibn al-Hattab halif bolanda, Medinede okadan wagty şeýle öwredýän eken, ýagny zyna edeni ýüz gamçy urgusy bilen jezalandyrylmaly. Ýöne Gurhanyň aýady ilkibaşda nikada durup, zyna eden erkekler we aýallar ölýänçä daş bilen urulmalydygyny görkezýär eken: Serediň, siz daş bilen urma baradaky aýady unudaýmaň we: “Biz bu aýady Allanyň Kitabyndan tapamyzok” diýmäň, Allanyň goýbereni (goý ol parahatlykda bolsun) daş bilen urmagy buýruk berdi, bizem ondan soň şol buýrugy ýerine ýetirdik. Eger halk janyma höküm sürýän Rebbiň ady bilen Allanyň Kitabyna bir zat goşmakda meni aýyplamaýan bolsa, onda men oňa (Allanyň Kitabyna): “Zyna eden uly aýallary we erkekleri daş bilen uruň” diýip ýazardym. Biz bu aýady okaýardyk». Al-Muwatta Malika 352 sah. Beýleki çeşmeler hem şu aýadyň Gurhanyň ilkibaşdaky tekstinde bolandygyny tassyklaýar. Daş bilen urma baradaky ýatdan öwrenilen, düşündirilen we sesli aýdylan aýadyň Muhammede açylan Ýazgylarynyň bir bölegi bolandygy baradaky Omaryň aýdanlary-da bar. Munuň üstesine-de, halkyň Gurhanda bu aýady tapman, hatda ýadyna-da salman, buýrugy unudaýmagyndan gorkýandygyny aýdýar. (al-Buhary as-Sahih 8 t. 539 sah.) 3. Öz atalarynyň çagalary bolup galmak. Omaryň aýtmagyna görä, başga bir aýadam Kitabu Allahy-nyň (ýagny Allanyň Kitaby Gurhanyň) bir bölegi bolupdyr, emma Omar halif bolýança ol ýitirilipdir. Ol şu aşakdaky aýat bolupdyr: Özüňizi hakyky ataňyzyň çagasy däl-de, başga atalaryň çagalary diýip yglan etmäň, sebäbi bu hakykat däldir. Şol ýerde 540 sah. 4. Allanyň merhemeti. Muhammediň egindeşleriniň ýene biri Anas ibn Mälik aşakdaky aýadyň Gurhanyň tekstiniň asyl nusgasynyň bir bölegi bolandygy, emma soňrak aýrylandygyny aýdypdyr: Biziň adymyzdan halka aýdyň, biz Rebbimize duşduk, Ol bize merhemet etdi hem-de bizi Özüne ýaramly etdi. Şol ýerde 5 t. 288 sah. Bu tekst «entek aýyrmankalar, Gurhanyň aýadyna girýärdi“ (as Suýuti Al-Itkan fi Ulum al-Kuran, 527 sah.). Bu bolsa, musulmanlaryň pikir edişi ýaly, Gurhanyň üýtgetmelerden, başgaça etmelerden, käbir zatlary sypdyrmalardan azat däldigini subut edýär. Görşümiz ýaly Gurhanda Mukaddes Kitaba görä ýetmezçilik edýän bölekler baradaky şaýatlyklar has köpräk. 5. Bir enäniň emdiren adamlarynyň arasyndaky nika. Muhammediň aýallarynyň biri bolan Äýşanyň ýazan bir rowaýatynda şeýle habar berilýär: bir wagtlar Gurhanda bir aýalyň göwsünden ondan az bolmadyk gezek emen adamlara nikalaşmaga rugsat berilmeýändigini öwredýän aýat bardy. Aýşa soňrak emmegiň bäşe çenli kemeldilendigini aýdýar: Keremli Gurhanda munuň açylandygyny Aýşa (goý, Allanyň merhemeti onuň bilen bile bolsun) aýtdy, ýagny on gezek emmeklik nikany bikanun edýär, Allanyň Goýbereni ölenden soň bu sany bäşe getirdiler, şoňa çenli ol Keramatly Gurhanyň içindedi. Muslim As-Sahih 2t. 740 sah. Bu Gurhanyň doly däldigi babatdaky şaýatlyklaryň diňe bir bölegi: Mesihiler musulmanlar bilen gürrüňdeş bolanda, Mukaddes Kitabyň tekstiniň hakykylygyna garşy delilleriň ýeňildigini, olaryň Gurhanyň garşysyna tutanýerlilik bilen öwrülip bilýändigini görkezmek üçin ýokardaky şaýatlyklary ulanmaly. Öňde-de aýdylyşy ýaly, aýna jaýda ýaşaýanlar daş zyňmaly däldirler. 1.5. Täze Ähtdäki dürli okalyş Musulman: Mukaddes Kitap babatda aýtsak, birnäçe aýatlaryň golýazma sanawlarynyň käbirinde bardygyna, käbirlerinde ýokdugyna köp mysallar bar. Şeýle-de, başga görnüşli dürli okalyşlara-da gabat gelmek mümkin. Eger Mukaddes Kitabyň tekstiniň hakykydygyny subut etmek mümkin däl bolsa, onda ol nädip Hudaýyň Sözi bolup biler? Musulmanlar Gurhanyň kämildigine çyn ýürekden ynanýarlar. Ondaky ýekeje harpyň hem üýtgedilmändigine, ýitirilmändigine-de ynanýarlar. Kitabyň şeýle gudratly saklanyşy onuň keramatlydygyny subut edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, olar Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigine şaýatlyk edýän subutnamalary getirýärler-de, onuň şol sebäpli hem hakyky hasaplanmaýandygyny aýdýarlar. Kitap asla ellenilmän galan ýagdaýda hakyky Hudaýyň Sözi bolup biler diýip, biz pikir etmeýäris. Eger kitap saklanyp, göçürijiniň azajyk ýalňyşlary bilen, ähmiýeti bolmadyk dürli okalyşlar we bir-iki sany nätakyk bölejikler bilen özüniň ilkibaşdaky görnüşinde şu wagta çenli gelip ýeten bolsa, onda onuň dolulygyna hakykylygy şübhe döretmeýär. Biziň eýýäm görüp geçişimiz ýaly (indiki bapda ýene-de seredip geçeris), Gurhan haýsy tarapdan seredeňde-de, takyk göçürilmändir hem-de hakykatdan-da Mukaddes Kitaba seredende dürli okalyşlardan, bölekleriň ýitirilmeginden we ş.m. köp ejir çekýär. Täze Ähtdäki birnäçe dürli okalyşlar Mukaddes Kitabyň tekstleriniň saklanyp galan görnüşlerinde az mukdardaky dürli okalyşlar bar (on ikä golaý). Olaryň hemmesi-de Täze Ähtde gabat gelýär. Kennet Kraggyň görkezişi ýaly, dürli okalyşlar Mukaddes Kitabyň müňden bir bölegini-de eýelemeýär. Munuň özi Mukaddes Kitabyň dolulygyna üýtgedilendigini, onda asyl nusga tekstleriň ýokdugyny bize subut etmek isleýän musulmanlar üçin tüýs gerek bolan subutnamadyr. Mundan başga-da, Täze Ähtde gabat gelýän dürli okalyşlaryň biri-de bütin Mukaddes Kitabyň taglymatyna täsirini ýetirip bilmeýär. Olaryň käbirleriniň beýleki Hoş Habarda ugurdaş ýerleri bar, ýagny şol ýerler gaýtalanýar. Mysal hökmünde dürli okalyşlaryň käbirlerine seredip geçeris. 1. Markusyň Hoş Habary (15:28): Işaýa pygamberiň Kitabyndan bölek (53:12). Markusyň Hoş Habarynyň gadymy golýazmalarynyň käbirlerinde bar bolup, beýleki Hoş Habarlarda duş gelmeýän aýat şu: «Şeýlelik bilen “Ol şer iş edýänlerden saýyldy” diýen Ýazgy berjaý boldy» (Markus 15:28). Bu aýat Işaýa pygamberiň kitabynyň 53-nji babynyň 12-nji aýadynda ýazylypdyr, Mesihiň çekjek ejirleri barada gürrüň berýän esasy bölümine salgylanýar. Mundan başga-da, ol edil şu görnüşde diýen ýaly, Lukanyň Hoş Habarynyň tekstiniň her bir golýazmasynda gaýtalanýar: «“Ol şer iş edýänlerden saýyldy” diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin, bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men barada ýazylanlar berjaý bolup barýar» (Luka 22:37). Markusyň Hoş Habarynyň bu bölejigi Täze Ähtdäki beýleki bölejikleriň hemmesi ýaly, hiç bir ýagdaýda-da tekstiň dolulygyna zeper ýetirmeýär. 2. Mattanyň Hoş Habary (21:44): Daş gaçyp mynjyradylan barada Isanyň tymsalyndaky: «Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar; ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» (Matta 21:44) diýen sözi bu Kitabyň gadymy golýazmalarynyň hemmesinde gabat gelmeýär, ýöne şu tekst sözme-söz diýen ýaly Lukanyň Hoş Habarynda 20:18-de gaýtalanýar. Şeýlelikde, bu dürli okalyş tekstiň manysyna hiç hili täsir etmeýär. Edil şu ýagdaý Mattanyň Hoş Habarynyň 23:14-e hem degişli. Onda Isa «dul hatynlaryň öýlerini talaýan» fariseýleriň gününe waýdygyny yglan edýär. Bu bölejik Mattanyň Hoş Habarynyň gadymy golýazmalarynyň käbirlerinde gabat gelýär, ýöne Markusyň Hoş Habarynyň 12:40-nyň hemme golýazmasynda-da bar. 3. Mattanyň Hoş Habary (27:49). Ýene-de Mattanyň Hoş Habarynyň käbir golýazmalarynda duş gelýän aýat şu: «...esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi; şol bada-da gan we suw çogduryldy» (Matta 27:49). (Mukaddes Kitabyň türkmen dilindäki neşirinde bu sözler ýok — terjimeçiniň belligi). Bu sözler Ýahýa 19:34-iň her bir golýazma sanawynda bar. 4. Ýahýanyň birinji haty (5:7) Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bu aýat Täze Ähtiň asyl nusga tekstiniň grek dilinde ýazylan gadymy golýazmalarynyň hiç haýsynda-da ýok, emma Mukaddes Kitabyň Wulgata hökmünde belli bolan latyn terjimesinde bar. Şundan hem ol Täze Ähtiň soňky grek terjimelerine-de girýän Korol Iakowyň terjimesi-de şu tekstlere esaslanandygy üçin ol soňky terjimelere-de girdi. Aýatda şeýle diýilýär: «Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr» (1 Ýahýa 5:7). Bu aýadyň gadymy tekstleriň hiç birinde ýoklugy sebäpli ony: «Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar» (1 Ýahýa 5:8) diýen aýada göçürijiniň belligi, galan bölegine doldurgyç bolandyr diýip hasaplamak bolar. Musulmanlar Mukaddes Kitabyň tekstiniň hakykylygyny şübhe astyna saljak bolup, gaty azara galýarlar. Olar ýokarky aýadyň Kitapdaky Üçbirlik barada gürrüň berýän ýeke-täk bölejikdigini aýdýarlar. Emma olar özlerine amatly bolar ýaly, Hudaýyň Üçbirligi baradaky taglymatyň tassyklamasyny görmezlige urýarlar: «...olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» (Matta 28:19). Edil şoňa meňzeş tassyklama 2 Korintos. 13:13 we Efes. 2:18-de hem gabat gelýär. Täze Ähtde, esasan-da Hoş Habarlaryň dördüsinde hem käbir sözlerde, jümlelerde we uly bolmadyk sözlemlerde uly bolmadyk dürlülige gabat gelýäris. Ýene bir gezek belläp geçýäris, olaryň hiç biri-de Mukaddes Kitabyň taglymatyna we hakykylygyna täsir etmeýär. Mukaddes Kitapdaky dürli okalyşlar şeýle bir ujypsyz welin, olar hiç ýagdaýda-da Mukaddes Kitabyň bitewiligine täsir etmeýär. Hemme tekstleri Muhammediň egindeşleri tarapyndan ýazylan, bir tekstden başgasy oda berlen Gurhandan tapawutlylykda, Mukaddes Kitap bize dolulygyna üýtgedilmän gelip ýetdi. 1.6. Gurhandaky dürli okalyş Musulman: Gurhanda asyl nusganyň tekstiniň manysyna täsir edýän dürli okalyşlar ýok. Gadymda Gurhan dürli şiwelerde göçürilipdir, bu bolsa diňe ondaky aýatlaryň aýdylyşyna täsirini ýetiripdir. Irki golýazmalar aýatlaryň aýdylyşyndaky tapawudy aradan aýyrmak üçin ýakyldy. Muhammediň egindeşleriniň ýazan we özünde köp dürli okalyşlary jemleýän Gurhanyň golýazmalarynyň birinden başgasyny Osmanyň näme üçin ýakandygyny musulmanlar adatça şu bolgusyz tassyklama bilen düşündirmek isleýärler. Sözleriň aýdylyşy golýazmanyň tekstine täsir etmeýär. Siz dilleriň şiweleriniň arasyndaky tapawudy ýok edip bilmeýärsiňiz! Şunuň ýaly gazaply buýruk bermek üçin, dürli golýazmalaryň tekstlerinde köp dürli okalyşlar bar bolan bolmaly. Osmanyň döwründe musulmanlar entegem Gurhany ýatdan bilmek isleýärdiler. Ýakmak baradaky buýruk bolsa, okalyşyň dürli-dürlüligini ýok edip bilmedi. Gurhanyň tekstini öwreniji taryhçylar Ibn Ali Daud şol dürli okalyşlaryň sanawyny düzen, Kitab al-Masahif (Golýazmalar Kitaby) diýip atlandyran işinde, Gurhan boýunça At-Tafsir al-Kuran («Gurhana berlen doly düşündiriş») atly düýpli işiň ýazary at-Tabari belli bolan dürli okalyşlaryň hemmesini saklapdyrlar. Gurhanyň gadymy tekstleriniň arasyndaky tapawut Ylaýta-da, at-Tabariniň giňişleýin ýazgylaryndan alnan maglumatlar Gurhanyň dürli golýazmalarynyň arasynda ýüzlerçe tapawudyň bolandygyny görkezýär. Esasan-da, Ibn Abi Daudyň we at-Tabariniň işleri boýunça dürli okalyşlaryň düzüwini düzýän Artur Jefferi özüniň «Gurhanyň tekstiniň taryhynyň materiallary» atly kitabynyň 362-den gowrak sahypasynda dürli okalyşlary sanap geçýär. Şeýle hem bu kitap, Ibn Abi Daudyň «Kitab al-Masahif» atly işiniň doly tekstini-de öz içine alýar. Olar bilen deňeşdireniňde, Mukaddes Kitapdaky dürli okalyşlar hiç zat. Mundan başga-da, Mukaddes Kitabyň ýaşy boýunça Gurhandan köp uludygyny, göwrümi boýunça-da bäş esse uludygyny hem-de iki müň ýylyň dowamynda köp ýazarlar tarapyndan düzülendigini ýene bir gezek ýatlamak zerurdyr. Mukaddes Kitabyň üýtgemelere sezewar edilendigini aýdanyňda, musulmanlara ýokardaky meşhur gadymy işlerden alnan köp sanly dürli okalyşlaryň birnäçesini ýatlamak bähbitli bolar. 1. Ölüleriň direliş güni. 2-nji süre 275-nji aýat şeýle sözler bilen başlanýar: «Ösüşi bökdeýänler... aýaga galarlar» Ibn Masudyň tekstinde-de şu setir şuňa meňzeş, ýöne «Ölüleriň direliş gününde» diýen sözleriň goşulmagy bilen başlanýar. Bu dürli okalyşy Abu Ubeýd özüniň «Kitab fazail al-Kuran» atly Kitabynda ýatlap geçýär. Ol şeýle hem Talhi ibn Musarifiň kodeksinde-de ýazylan. 2. Üç günüň dowamyndaky oraza. 5-nji süre 89-njy aýat häzirki Gurhanda görkezilişine görä «Üç günlük oraza» çagyryşyny öz içine alýar. Ibn Masudyň tekstine «yzly-yzyna gelýän üç günüň dowamynda oraza tutuň» diýen jümläniň manysyny üýtgedýän mutatabia diýen sypat goşulýar. Bu dürli okalyşy at-Tabari (7.19.11.) we Abu Ubeýd hem-de Ubaýý ibn Kaab, Ibu Abbas we ar-Rabi ibn Husaýem dagy hem ýatlap ýazýarlar. 3. Hudaýyň ýoly. 6-njy süre 153-nji aýat şu sözler bilen başlanýar: «Bu — Meniň göni ýolum...» Ibn Masudyň tekstinde bu sözlemiň ýerine: «Bu biziň Rebbimiziň ýoly» diýen sözlere duş gelýäris. Bu dürli okalyşyň çeşmesi ýene-de at-Tabari bolup çykýar (8.60.16). Gurhany gowy bilýän, Muhammediň ýakyn egindeşi bolan Ubaýý ibn Kaab hem şunuň ýaly ýazýar, ýöne onuň tekstinde rabban sözüniň deregine rabbika diýen söz bar. Şol tekstde başga-da dürli okalyşlar bellenip geçilýär. 4. Ähli dindarlaryň eneleri. 33-nji süre 6-njy aýat Muhammet we ynanýan musulmanlaryň hemmesi barada — «onuň ýanýoldaşlary (aýallary) — olaryň eneleri» (21.70.8) diýip ýazýar. Ýene-de at-Tabari bu dürli okalyş barada Ibn Masud we Ubaýý ibn Kaab, belki, öz tekstlerine Gurhanda häzir ýok bolan sözleri goşandyr öýdüp, «ol hem — olaryň atasy» diýýär. Mundan başga-da, olar Ibn Abbasyň, Ikrima we Mujahid ibn Jabiranyň işlerinde-de ýazylan. Bu jemleýji sözler baradaky maglumatlaryň uly bölegi Zeýdiň tekstinde (häzirki Gurhanda) olaryň sypdyrylandygy baradaky pikire alyp barýar. Bular bary-ýogy köp mukdarda bar bolan dürli okalyşlaryň dördüsiniň mysal hökmünde getirileni. Olaryň sany şeýle bir köp welin (iki müňden-de gowrak), musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň tekstiniň saklanylyşyny ynamly tankytlaýandygyny göreňde, haýran galýarsyň. Olar häzirki Gurhanyň şol birentek görnüşlerinden nädip düzülendigini bilmän, uzak wagtlap bihabar bolýarlar. Gurhandaky al-Hajjaj tarapyndan edilen (girizilen) üýtgeşdirilmeler Ibn Abi Daudyň «Kitab al-Masahif» atly kitabynda halyf Abd al-Mäligiň buýrugy boýunça göçüriji al-Hajjajyň Gurhanyň tekstinde on birden az bolmadyk sözi üýtgedendigi baradaky aýdyň şaýatlyga duş gelýäris. Onuň kitabynda «Al-Hajjajyň Osmanyň tekstine girizen üýtgetmeleri» diýen sözbaşyly bölüm bar. Kitap şeýle sözler bilen başlanýar: Al-Hajjaj ibn Ýusup Osmanyň tekstine bary-ýogy on bir sany üýtgeşme girizdi. Al-Bakreniň asyl nusgasynda (2-nji süre 259-njy aýat) şeýle sözler ýazylan: “...ol zaýalanmady. Öz eşegiňe seret” diýen sözleri ol “zaýalanmazlary ýaly” diýen sözler bilen çalşypdyr. Kitab al-Masahif 117 sah. Ibn Ali Daud Ine, şol bir wagtda Gurhana girizilen beýleki üýtgetmeleriň birnäçesi: 1) 5-nji süre 48-nji aýatdaky şariýýa sözi şir‘a (ýazgy) sözüne üýtgedilipdir. 2) 43-nji süre 32-nji aýatdaky maişahum sözi maişatahum (iýmit) sözi bilen çalşyrylypdyr. 3) 47-nji süre 15-nji aýatdaky ýasin sözi asin (ýigrenji) sözi bilen çalşyrylypdyr. Beýleki sekiz sany mysallarda bolşy ýaly, seredip geçen mysallarymyzda hem diňe bir ýa-da iki harpyň okalyşy üýtgedilipdir. Ýöne girizilen üýtgeşmeler diňe bir aýdylyşyň üýtgedilmegi bilen çäklenmän, tekstiň mazmunyna hem degerli üýtgeşmeler alyp geldi. Şeýdip, musulmanlaryň Gurhandaky ýekeje harpyň hem üýtgedilmändigi baradaky tassyklamasy yraň atyp başlaýar. Ibn Ali Daud her alternatiwanyň öňünde “fajira” (üýtgedilen, çalçyrylan, başgaça edilen) diýen belgini goýýar. Gurhanyň üýtgedilmändigini nygtamak isleýän musulmanlar, elbetde, şunuň ýaly belliklere duş gelmek islemezler. Şiweler we Gurhanyň teksti Gadymy arap golýazmalarynda çekimli sesleri aňladýan harplaryň bolmandygyny bilmek diýseň wajypdyr. Olar Gurhanyň tekstlerine goşulýança asyrlar geçipdir. Gurhanyň şu wagta çenli saklanyp galan gadymy tekstleri, takmynan Muhammediň ölüminden soňky 150 ýyldan soň ýazylan diýip çaklanylýar. Olar Medinäniň al-mail harpy bilen ýazylypdyr. Gurhan göçürlende ulanylan başga bir iň gadymy harp — bu kufidir. Onuň ýazuw görnüşi ilkibaşda Arabystanyň Kafasyndan gelip çykan. Osmanyň golýazma sanawlarynyň asyl nusgasynyň şu güne çenli saklanyp galandygy, hatda tekstiň sahypalarynda onuň ganynyň yzlarynyň hem bardygy tassyklanylýar, sebäbi ol şu tekst elindekä öldürilipdir. Şeýle golýazmalaryň biri Topkapy Muzeýinde (Stambulda), beylekisi bolsa, Daşkendiň meşhur Samarkant kodeksinde ýerleşýär. Olaryň ikisi hem kufi harpynda Osmanyň ölmünden azyndan ýüz ýyldan soň ýazylypdyr. Eýýäm aýdylyp geçilişi ýaly, Gurhanyň häzirki tekstiniň asyl nusgadan alnandygy babatdaky musulmanlaryň söýgüli tutarygy şu, ýagny gadymy tekstleriň dürli bolmagynda şiweleriň täsiri bolupdyr. Maglumatlar bolsa başgaça subut edýärler. Bagbatdaky Abbasidleriň köşgündäki Gurhany bilmekde meşhur bolan Ibn Mujahid diňe ýedisini çözmäge buýruk bermedik bolsa, şeýle dürlülik ýazmaça tekstde peýda bolmazdy. Mundan başga-da, sansyz-sajaksyz okalyş usullary azyndan üç asyryň dowamynda saklanypdyr. Rowaýatlara görä, her bir musulmanyň özi üçin ýeňilräk usulyny saylap almagy üçin Gurhanyň «ýedi dürli usul» bilen açylandygyny Muhammediň özi tassyklanmyşyn (al-Buhari as-Sahih 6 t.510 sah). At-Tabariniň Jami As-Sahih kitabynda, Ibn Ali Daudyň Kitab al-Masahif kitabynda hem-de şuňa meňzeş resminamalardaky ýazylan ähli okalyşlar ýazmaça tekstiň asyl nusgasyndaky bar bolan dürlüligi, ýagny harplaryndaky, sözlerindäki, tutuş sözlemlerindäki dürlüligi görkezýär. Olar şeýle bir köpdüler welin, Osmanda olaryň birinden, Gurhanyň ýeke-täk resmi teksti hökmünde tassyklamaga amatlysyndan başgasyny ýok etmekden başga çykalgasy galmandyr. Yslamyň irki asyrlarynda bolup geçen bu wakalaryň kömegi bilen Gurhanyň tekstiniň saklanyşy bilen Mukaddes Kitabyň tekstiniň saklanyşyny deňeşdirsek, onda Gurhanyň teksti gürrüňsiz ýeňilýär. MUKADDES KITABYŇ MAZMUNY WE TAGLYMATY 1.7. Mukaddes Kitapdaky ýalňyş ýaly bolup görünýän sanlar Musulman: Mukaddes Kitabyň şol bir sanlary görkezýän ugurdaş ýerlerinde aýdyň gabat gelmezlikleri tapmak mümkin. Bu baglanyşyksyzlyk hem-de maglumatlary subut edýän beýannamalardaky ýalňyşlar Mukaddes Kitabyň hakykydygyny we Hudaýyň Sözi bolup bilmejekdigini subut edýär. Musulman ýazyjylary köplenç Köne Ähtde belli bir wakalary suratlandyranda, çapraz gelýän ýaly bolup görünýän birnäçe ugurdaş bölekleri saýlap alýarlar. Diňe olar barada däl-de, Gurhanda-da edil şunuň ýaly ýagdaýlaryň bardygyny bilmek gerek. Köne Ähti göçürijileriň ýalňyşlary Şu meselä meňzeş mysal hökmünde biz Köne Ähtiň bütin tekstinden dört mysala seredip geçeris. Musulmanlar bu mysallaryň asyl nusgasyny ýazan ýazarlaryň ýalňyşydygyny görkezýän çaprazlykdygyny subut edýändigini nygtaýan bolsalar-da, meseläniň teksti göçürijileriň goýberen ýalňyşlygydygy görnüp dur. 1. Ýahuda patyşalary Ýehoýakiniň we Ahazýanyň patyşalyk sürmegi. Mukaddes Kitabyň bir böleginde: «Ýehoýakin patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady...» diýilýär (2 Patyşalar 24:8). Başga bir ýerinde bolsa: «Ýehoýakin patyşa bolanda sekiz ýaşyndady (Ýyl Ýazgylarynyň 2-nji kitaby 36:9, iňlis dilindäki terjimede) diýilýär. Bu iki müňden gowrak ýyl mundan ozal Ýyl Ýazgylarynyň ikinji Kitabyny göçüren ýehudynyň «on» sanyny aňladýan ýehudy harpy goýup gidendigi bilen düşündirilýär. Şuňa meňzeş ýagdaýa ýene bir ýerde gabat gelýäris. «Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady...» (2 Patyş. 8:26). Başga ýerde bolsa: «Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady...» diýilýär (Ýyl Ýazgylarynyň 2-nji kitaby 22:2). Bu Mukaddes Kitabyň käbir iňlis dilindäki tekstinde gabat gelýär. Iki tekstiňem başga ýerleri hemme zatda gabat gelýär hem-de onuň ejesiniň Omrynyň gyzy Atalýadygy, onuň özüniň bolsa, bir ýyl patyşalyk edendigi nygtalýar. Gadymy ýehudy dilinde bu iki sanyny aňladýan sözüň ýekeje harpynda tapawut bar. Bu gezegem ýalňyşlygyň tekst göçürlende goýberlendigi görnüp dur. Bir zat açyk aýdyň görnüp dur: ikinji bölekdäki görkezilen ýaş ýalňyş, sebäbi eger Ahazýa patyşalyk edip başlanda kyrk iki ýaşynda bolan bolsa, onda ol öz kakasyndanda iki ýaş uly bolardy! 2. Dawudyň at arabalary we Süleýmanyň at ýataklary. Köne Ähtiň bir böleginde: «Dawut siriýalylardan ýedi ýüz at arabasyny basyp aldy» diýip ýazylan (Şamuweliň 2-nji kitaby 10:18), emma başga bir ýerinde: «...Dawut siriýalylardan ýedi müň at arabasyny basyp aldy» diýip ýazylan (Şamuweliň 1-nji kitaby 19:18). Ýehudy dilinde sanlary aňladýan harplar örän meňzeş. Bu ýerde-de ýokarda getirilen mysallardaky ýaly, tekstiň asyl nusgasy bilen tapawudy diňe ýazlyşy meňzeş bolan harplarda. Bu bary-ýogy göçürijiniň goýberen ýalňyşy. Ol bolsa, Mukaddes Kitabyň umumy tekstine we taglymatyna ýekeje-de täsirini ýetirmeýär. Şu zatlar aşakdaky seretjek aýatlarymyza-da degişli. Olaryň birinde Süleýmanyň kyrk müň at ýatagy barada (1 Patyş. 4:26), beýlekisinde bolsa, dört müň at ýatagy barada (Ýyl Ýazgylarynyň 2-nji kitaby 9:25) gürrüň berilýär. Şu we beýleki ýagdaýlaryň hemmesinde musulmanlar ujypsyzja tapawudy gadymy ýehudy tekstindäki harplaryň ýazylyşynda diýen netijä gelip bilerler. Munuň ýaly gulagyndan çekilip çykarylan delilleriň Mukaddes Kitabyň hakykylygyna, mesihilik esasyna we mazmunyna birjik-de degişliligi ýok. Gurhanyň sanlaryndaky gapma-garşylyklar Gurhanyň käbir ýerlerinde göze dürtülip duran tapawutlar bar. Biz bu ýerde örän meňzeş harplar bilen çäklendirilen kesgitlemeleri düşünişjek bolup oturmarys. Bu ýerde gürrüň göze dürtülip duran gapma-garşylygy emele getirýän tutuş sözler barada barýar. Mesihiler iki mysaly öwrenmelidirler we her gezek musulmanlar Mukaddes Kitapdaky sanlaryň gabat gelmeýändigini tankyt edenlerinde, şol mysallary getirmelidirler. 1. Kyýamat gününiň dowamlylygy. Bir tekste laýyklykda, Hudaýyň Beýik güni «siziň hasap edişiňiz ýaly müň ýyl» dowam eder (32-nji süre 5-nji aýat), başga bir tekstde şol Günüň dowamlylygy barada: «50 müň ýyl» diýlip aýdylýar (70-nji süre 4-nji aýat). Bu ýagdaýda tapawut has-da aýdyň görünýär, sebäbi tapawut bir harpda däl-de, has takygy ikinji tekstde gabat gelýän alfa sanatin (müň ýyl) diýen sözleriniň yzyna goşulýan hamzina (elli) sözünde. Musulmanlar bu gapma-garşylygy diliň «mistiki», «kosmiki» ýa-da «allegoriki» usullary hökmünde görkezip, bulaşykly ýol bilen aklajak bolýarlar. Emma birinji tekstde şol Günüň «siziň hasap edişiňiz ýaly» müň ýyldygy üçin (ýagny wagty biziň ýerde ölçeýşimize laýyklykda), iki tekstiň arasynda düşündirmesi aňsat bolmadyk dürli tapawut bar. Nädip Günüň Ýeriň daşyndan edýän müň aýlawy elli müň aýlaw bilen deň bolup biler? 2. Gögüň we Ýeriň ýaradylyşy. Gurhanyň bir böleginde gögüň, ýeriň we olaryň arasyndaky zatlaryň alty günde ýaradylandygy aýdylýar (50-nji süre 38-nji aýat). Başga bir ýerinde bolsa, ýeriň iki günde, gögüň hem iki günde, iýmitiň bolsa döpt günde ýaradylandygy aýdylýar (41-nji süre 9–12-nji aýatlar). Bu bolsa, ýönekeý matematika hasaplamasy boýunça sekiz güni aňladýar. Bu iki tekstde wagtyň döwrüni hasaplamakda bir harpda däl-de, bütin sözlemlerdäki gabat gelýän dürlüligi utgaşdyraýmak aňsat iş däl. Musulmanlaryň arasynda mesihilige şaýatlyk etmek tejribesinde ýüze çykýan ýene bir kynçylyk — bu Mukaddes Kitapdan çendenaşa dogrulyk ölçeglerini talap etmekleridir. Musulmanlar bu talaby Gurhan üçin ulanmak islemeýärler. Olar Hudaýyň Sözi adyny almaga dalaş edýän kitapda hiç hili ýalňyş sanlarda dürli okalyşlar we ş.m. zatlar bolmaly däl diýýärler. Gurhanyň şeýle kemçiliklerden azatdygyna köre-körlük bilen ynanyp, musulmanlar Mukaddes Kitabyň tekstiniň hakykylygyna garşy çozuşa batyrlyk bilen başlaýarlar. Mesihiler hem bir zady bilmelidirler. Edil şol esaslara esaslanyp, Gurhanyň hem dogrulygyny paş edip bolar. Musulmanlar Gurhana gapma-garşylyksyz, dürli okalyşy bolmadyk kämil Kitapdyr öýdüp, ýakymly boş hyýallar bilen ýaşaýarlar. Biziň maksadymyz jedelde üstün çykmak ýa-da Gurhanyň abraýyny gaçyrmak däl-de, Mukaddes Kitabyň üstüne adalatsyz edilýän çozuşlara garşy durmak. 1.8. Mattanyň Hoş Habarynyň awtorçylygy Musulman: Matta öz adyna ýöňkelýän Hoş Habaryň ýazary däl. Şol Hoş Habaryň Mattanyň ölüminden birnäçe wagt geçenden soň ýazylandygy barada subutnamalar bar. Hoş Habaryň ýazarynyň kimdigi bolsa näbelli. Käwagt musulmanlar Mukaddes Kitabyň abraýyny gaçyrmak üçin islendik delilleri ulanýarlar. Mattanyň Hoş Habarynyň Matta degişlidigini şübhe astyna salýandyklaryny men köp gezek eşitdim. Adatça jedel Hoş Habaryň öz tekstiniň aşakdaky böleginden turýar: Isa şol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyň salgythanada oturanyny görüp, oňa: “Meniň yzyma düş” diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. Matta 9:9 Irki mesihi çeşmeleriniň meşhur Hoş Habaryň Matta degişlidigini görkezýändigine seretmezden, musulmanlar ony Mattanyň ýazmandygyny aýdýarlar, sebäbi ol özi barada üçünji ýöňkemede ýazmazdy diýýärler. Eger Matta şol Hoş Habaryň ýazary bolan bolsa, onda wakalary birinji ýöňkemede (menlik ýöňkemede) ýazardy diýip, birnäçe musulman ýazyjylary çykyş etdiler. Käwagt oturyp, musulmanlaryň özlerini Mukaddes Kitabyň tekstiniň üstünden kazy goýýandyklaryna haýran galýarsyň. Mukaddes Kitaba ýa-da Gurhana meňzeş islendik kitap bilen tanşanymyzda, kitaba özi barada özüniň gürrüň bermegine mümkinçilik bermeli. Biz bolsa, onuň mazmunyna okuwçy hökmünde ýakynlaşmaly. Köp ýagdaýlarda bolsa, beýle däl-de, maksat mümkin bolan islendik serişde bilen kemçilik tapmak bolup durýar. Meniň bilen şu mesele boýunça ikiçäk gürrüňdeşlikde jedelleşen bir musulmandan: «Gurhanyň ýazary kim?» diýip soradym. Ol ýüzüniň ugruna: «Alla» diýip jogap berdi. Men şonda: «Onda nädip Hudaý Öz Kitabynda Özi barada hemişe üçünji ýöňkemede (olluk ýöňkemede) gürleýär?» diýip soradym-da, mysal hökmünde aşakdaky aýady getirdim: Ol Alla, Ondan başga hudaýlyk ýokdur... 59-njy süre 22-nji aýat Arap dilinde süre şeýle başlanýar: Huwa Allah («Ol Alla») hem-de edil başlanyşyndaky ýaly şol huwa («Ol bar») at çalyşmasy bilenem gutarýar. Iki ýagdaýda-da at çalyşmasy olluk ýöňkemede we birlik sanda ulanylýar. «Alla» sözi Gurhanda üç müň gezek dagy şunuň ýaly agzalýar. Eger Matta özi barada üçünji ýöňkemede gürrüň bereni üçin Hoş Habaryň ýazary bolup bilmeýän bolsa, onda musulmanlaryň garaýşy boýunça aýdanymyzda, Alla hem Gurhanyň ýazary däldir. Gurhanda bolşy ýaly, Mukaddes Kitapda hem üçünji ýöňkemäniň ulanylyşynyň hiç hili tapawudynyň ýokdugy açyk-aýdyň görnüp dur. Musulmanlar Mukaddes Kitaby biabraý etjek bolup, mesihileri birnäçe usullar bilen bulam-bujarlyga bilgeşleýin alyp barmaga çalyşýarlar. Olaryň delilleriniň diýseň ejiz bolup, Gurhanyň garşysyna gönükdirilýän ýagdaýlary-da az bolmaýar. Olaryň bir zady mümkin bolan islendik serişde bilen subut etmäge çalyşýandygy, öz delillerini bolsa, ygtybarly maglumatlara däl-de, özleri üçin amatly bolan çaklamalara esaslandyrýandygy baradaky pikirden el çekmek gaty kyn. Mesihilik, edil Hoş Habarlar ýaly, Isa Mesihiň durmuşyny görkezýän şahsy taryhy resminamalaryna esaslanýar. Mesihiň geleninden alty ýüz ýyl soň dörän diniň ýalandygyny subut etmegiň geregi ýok. Başga bir tarapdan, yslam Isany ykrar edýär, ýöne Onuň durmuşy barada başga hiç hili taryhy resminama eýe bolmany üçin, özüni berkitjek bolup, mesihiligi inkär etmäge mejbur bolýar. Ine, näme üçin Gurhan hemişe mesihiligiň taglymatynyň we dessurlarynyň garşysyna deliller getirýär. Musulmanlar bolsa, bar güýji bilen Mukaddes Kitaby abraýdan düşürjek bolýarlar. Mesihiler muny bilýändikleri üçin jedelleşmegi gowy görýän musulmanlar bilen iş salyşanlarynda, sabyrlylygy saklaýarlar, ylaýtada, musulmanlar islendik usul bilen öz nukdaý-nazaryny subut etmäge jan edenlerinde, mesihiler paýhaslylygy elden bermeýärler. Mattanyň Hoş Habaryna garşy deliller Musulmanlar köplenç Mukaddes Kitabyň hakykylygyna garşy delilleri öz gelen netijelerini belli bolan «Mukaddes Kitabyň taryhy tankydyna» esaslandyrýan Günbataryň häzirki zaman liberal alymlarynyň işleriniň içinden tapyp alýarlar. Bu çeşme hemişe diýen ýaly şübhe astynda, sebäbi şunuň ýaly ýazarlar ýöne bir maglumatlara baha bermän, eýsem diňe çaklamalar bilen işleýärler. Şeýle işleriň köpüsinde çaklamalaryň barlygy ýazarlaryň şu usuly ylanýandygynyň mysaly bolup durýar. Mysal üçin, olaryň pikiriçe sinoptik (Mattanyň, Markusyň, Lukanyň) Hoş Habarlardan başga-da, Isanyň durmuşy baradaky hekaýatlaryň ýygyndysynyň asyl nusgasy bolan bolmaly. Şol ýygyndy dört Hoş Habaryň ýazylmazyndan öň taglymatlary we wakalary deňeşdirmek üçin ýazmaça görnüşinde ýazylyp, Isanyň şägirtleri tarapyndan berlenmişin. Ony diňe „Q“ harpy bilen aňladýarlar, sebäbi oňa gabat gelýän at ýa-da tekstini belli bir ýere degişli eder ýaly ýazmaça çeşmeler ýok. Soň bolsa, işlese-işlemese-de, Matta şol Hoş Habaryň ýazary däl diýen netije çykarýarlar. Diňe bir şunuň ýaly gelnen netijeleri däl-de, eýsem, öz pikirlerini anyk maglumat hasaplaýan şunuň ýaly alymlaryňam ulanýan serişdelerine-de garşy çykmaga mümkinçilik berýän üş sany örän çynlakaý esas bar. 1. Irki mesihilik resminamalarynyň şaýatlygy. Iň irki mesihilik resminamalarynyň hemmesi-de, eýýäm bellenişi ýaly, meşhur Hoş Habaryň Matta degişliligini tassyklaýarlar. ХХ asyryň çaklamalaryna ýokary baha berýän häzirki zaman alymlarynyň gelen subýektiw netijelerini, Hoş Habaryň ilkinji gezek ýazylyp ýaýradylan döwründe ýaşan alymlaryň şaýatlyklaryndan ileri tutup bolmaz. Bu alymlar dünýäniň ýaradylyşy baradaky taryhy, Nuhuň döwründäki suw basmany ret edýärler, Ýunusyň balygyň içinde üç gün bolandygy baradaky wakanyň üstünden gülýärler, Isanyň ejesiniň göwresinde peýda bolmagynyň müýnsüzdigini ýalana çykarýarlar. Olar bu zatlary ýene-de çaklamalara daýanyp şeýdýärler. Ýokarda agzap geçen wakalarymyzy Gurhanyň hem goldaýandygyny bilýän, musulman alymlary şunuň ýaly esaslara daýanyp we abraýyny gaçyrýan beýle çeşmelere bil baglap bilmezler. 2. Mattanyň Hoş Habarynyň ýazarlygyna başga dalaşgär ýok. J.B. Filips özüniň Mattanyň Hoş Habary baradaky çykyşynda käbir häzirki zaman alymlarynyň Hoş Habaryň Matta degişlidigini subut edýän çeşmeleri ret edýändiklerini aýdýar. Ol şol Hoş Habaryň ýazary Matta diýmekligiň has amatlydygyny, sebäbi onuň ýazary saýylaýjak başga dalaşgäriň ýokdugyny, mundan başga-da, Ýygnagyň taryhynda bolup biläýjek başga ýazaryň teklip edilmändigini aýdýar. 3. Çak edilýän hekaýatlar we Hoş Habar. Filips hiç hili subutnama getirmezden, Mattanyň öz Hoş Habary üçin maglumatlary «syrly Q»-dan alandyr öýdülýändigini tassyklaýar. Ilkinji mesihileriň taryhynyň hiç ýerinde biz şeýle köp dilden-dile geçen hekaýatlaryň ýygnalyp ýazylandygy baradaky maglumata gabat gelmeýäris. “Q”-nyň hem hakykylygy taryhy hyýaly eseriň syrly bolşy ýaly, syrly bolup galýar. Sinoptik Hoş Habarlaryň esasy hasaplanýan «Q» adynyň özi bu çeşmäniň düýbünden çaklama häsiýetlidigine şaýatlyk edýär. Şeýle ýagdaýda biz hakyky maglumatlar bilen däl-de, diňe çaklamalar bilen iş salyşýarys. Şunuň ýaly häzirki zaman alymlary, kada bolşy ýaly, Mukaddes Kitab baradaky ýazmaça şaýatlyklary sözme-söz kabul etmeýärler-de, diňe özleri üçin amatly bolan şahsy çaklamalaryna daýanýarlar. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde mesihiler subut etmesi mümkin bolmadyk taslamalara däl-de, maglumatlara esaslanmalydygyna musulmanlary ynandyrmalydyrlar. 1.9. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimeleriniň dürlüligi Musulman: Näme üçin sizde Mukaddes Kitabyň tejimeleri şeýle köp dürli? Şolaryň arasynda korol Iakowyň Mukaddes Kitaby täzeden seredilen (1946–1952 ý.) täze halkara görnüşi hasaplanylýar (1978)? Bagtymyza, bizde hiç haçan täzeden seredilmedik Gurhan bar. Bu pikir musulmanlaryň az sanlysynyň ýaşaýan ýeri bolan, iňlis dilli ýurtlarynda giň ýaýran. Musulmanlar Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki tejrimesiniň köpdürliligi, ylaýta-da, olaryň «görnüşlerdigi» barada eşidenlerinde, şol wagtyň özünde, her gezek terjime edilende öňki tekstiň üýtgedilýändigini göz öňüne getirýärler. Bu bolsa, mesihi ryhy çopanlaryň we ýygnak ýolbaşçylarynyň şu wagta çenli hem Mukaddes Kitaby öz isleglerine görä üýtgedip gelýändiginiň subutnamasy öýdýärler. Iňlis dilindäki terjimeler — Mukaddes Kitabyň özüniň gaýtadan işlenmegi däl Şeýle nukdaý-nazarlary öňe sürýän musulmanlar, näme üçindir, şu zatlaryň seredilip geçilen soraglara degişli däldigini görmeýärler. Olar Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimelerini Gurhanyň arap dilindäki asyl nusgasy bilen deňeýärler. Öz terjimelerimiziň hemmesiniň Täze we Köne Ähtleriň iň gadymy ýehudy we grek dillerindäki golýazmalara esaslanýandygyny mesihiler sabyrlylyk bilen olara düşündirmeli. Olar hiç haçanam üýtgedilmedi, terjimeleriň her bir «görnüşleri» bolsa, bary-ýogy tekstiň başga dile edilen terjimeleridir. Gurhanyň hem soňky on ýyllyklaryň dowamynda iňlis diline edilen köp terjimeleri bar, emma ony hiç kim Kitabyň dürli «görnüşi» hasap etmeýär. Olaryň her haýsysynyň öz derejesi bar. 1985-nji ýyldaky Durbandaky (Gündogar Afrika) ýerli musulman wagyzçysy Ýusuf Buskas bilen Mukaddes Kitabyň hakykylygy baradaky bolan çekeleşikde, Mukaddes Kitabyň täzeden seredilen ülňi terjimesine giriş sözünde ol şeýle diýdi: «Iakow korolyň terjimesinde çynlakaý kemçilikler bar ...Kemçilikler örän köp sanly bolup, gaýtadan seredilmegini talap edýär». Ol şu ýerde saklandy-da, «Goşa dyrnak ýapylýar» diýip, sözüni jemledi. Ol bu sözleri köp kemçiliklerini ýapmak üçin, Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigini subut etmäge çalşyp, delil hökmünde ulandy. Oňa jogap berenimde, men onuň aýdan «başganyň sözüniň» asla başganyň sözüniň däldigini, «iňlis dilindäki terjime täzeden garalmagyny talap edýär» diýip gutarmaly sözlemi doly aýdyp gutarmandygyny aýtmaly boldum. Şol ýerde oturan musulmanlara Mukaddes Kitaba däl-de, diňe onuň iňlis dilindäki terjimesine täzeden seredilendigini, beýle etmegiň maksadynyň bolsa tekstiň asyl nusgasyny üýtgetmek däl-de, mümkin boldugyça terjimede oňa ýakynlaşmakdygyny düşündirmek üçin bary-ýogy birnäçe minut gerek boldy. Terjimedäki birnäçe dürlülikler Musulmanlar Iakow korolyň Mukaddes Kitaby bilen täzeden seredilen ülňi terjimäniň arasyndaky tapawutdan bähbit tapmaga jan edýärler. Adaty delil hökmünde musulmanlaryň ulanýan iki bölegini ýada salalyň we olara seredip geçeliň hem-de jogap bereliň. 1. Işaýa pygamberiň kitaby (7:14): ýaş aýal ýa-da ýaş gyz? Iakow korolyň terjimesinde şu aýatda bir gyzyň göwreli bolup, ogul dogurjaklygy ýazylypdyr. Täzeden seredilen ülňi terjimede bolsa, ýaş aýal barada aýdylýar. Bu bolsa, bary-ýogy gadymy ýehudy dilindäki «alma» sözüniň dürli terjimesidir. Musulmanlar sözüň saýlanyp alnan manysyny Mukaddes Kitaba girizilen üýtgeşmäniň subutnamasy hökmünde ulanmaga dyrjaşýarlar. Delil şu aşakdaka syrygýar: Mukaddes Kitap ilkibaşda Isanyň gyzdan doguljagyny aýdýar. Ýöne soňrak tekst gaýtadan işlenilip, Gurhanyň goldaýan düýp hakykaty ýoýuldy (3-nji süre 47-nji aýat). Mesihiniň muňa jogaby örän ýönekeý. Birinjiden, asyl nusganyň tekstinde ulanylýan «alma» sözi hiç haçan çalşylmady, şonuň üçin bu gönüden-göni terjimäniň kynçylygydyr. Ikinjiden, şol söz takyk manysynda terjime edilende «ýaş aýaly» aňladýar. Şonuň üçin hem täzeden seredilen ülňi terjime örän takykdyr. Gadymy ýehudy dilinde «gyz» manysyny berýän söz betula bolýar. Beýleki bir tarapdan, şu bölegiň kontekstinden ysraýyl halky üçin ýaş aýalyň göwreli boljakdygy baradaky alamatyň has täsirli bolandygy gelip çykýar. Iakow korolyň terjimesi hem bu aýady asyl nusgada göz öňünde tutulan manysynda, has takygy, gyzyň göwreli boljakdygy manysynda, örän adalatly düşündirýär. Köne Ähtiň Iakow korolyň terjimesinden iki müň ýyla golaý öň edilen grek terjimesinde-de, bu söz «gyz» manysynda düşündirilýär. Bu görnüşleriň hiç birine-de ýalňyş diýip bolmaz, şonuň üçin bu ýagdaýda Mukaddes Kitabyň «üýtgedilendigi» barada mesele goýmak hökman däl. 2. Ýahýanyň Hoş Habary (3:16): Hudaýyň ýekeje Ogly. 1611-nji ýylda edilen Iakow korolyň terjimesinde şu aýatda Hudaýyň dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biriniň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýeke-täk doglan Ogluny berendigi barada aýdylýar. Gaýtadan seredilen ülňi tekstde, Hudaýyň Özüniň ýekeje Ogluny goýberendigi aýdylyp, «doglan» sözi sypdyrylypdyr. Musulmanlar Mukaddes Kitabyň, jedelden daşlaşmak üçin bilgeşleýin üýtgedilendigini nygtaýarlar. Jedeliň başlanmagyna «doglan» sözi sebäp bolup bilýär öýdýärler. Bu pikir bolsa, Gurhan tarapyndan gazaply ret edilýär: «Ol — Alla — ýeke-täkdir, Alla bakydyr; Ony hiç kim dogurmady we dogulmady, ýekeje-de Oňa taý geljek ýokdur!» diý. 112-nji süre 1–4-nji aýatlar Ýene-de musulmanlar boş ýerden özlerine maýa goýum toplaýarlar. Tekstiň asyl nusgasyndaky monogene diýen grek sözi, mono «ýeke», gene bolsa, Atadan «gelip çykma» diýmekligi aňladýar. Jümleleriň ikisi-de şol bir manyny — Atadan çykan ýekeje Ogly aňladýar. «Begotten» (ýeke-täk doglan) diýen köne iňlis sözi Iakow korolyň terjimesi edilen döwründe, ýagny ХVII asyrda giňden ýaýrap, XX asyrda iňlis gepleşik dilinde ulanyşdan galýar, şonuň üçinem täzeden seredilen ülňi terjimede ol sypdyrylypdyr. Bu ýerde-de gürrüň tekstiň asyl nusgasyny «üýtgetmek» barada däl-de, ony iňlis dilinde düşündirmek barada barýar. Köp ýyllaryň dowamynda men sabyrlylygymy synaga salan musulmanlardan Mukaddes Kitabyň garşysyna gönükdirilen deliller toplumyny eşitmeli boldum. «Näme üçin Täze Ähtiňizde dört Mukaddes Kitap bar? Bu biri, beýlekisi bolsa şeýle: «Näme üçin siziň ruhy çopanlaryňyz her ýyl Mukaddes Kitaby üýtgedýärler — diňe siziňkiler däl, eýsem katolik, baptist ybadathanalary-da şeýdýärler?» Başga bir adaty delil: «Gurhana laýyklykda, Isa Mesihe ýekeje Injil (Hoş Habar) açylypdyr. Siziň Mukaddes Kitabyňyzda bolsa, köp Hoş Habarlar bar? Ýagny Matta, Markus, Luka, Ýahýa, Pawlus dagylaryň hemmesi-de Hoş Habar ýazypdyrlar. Rimlilerem Hoş Habar ýazypdyrlar, Korintoslylar hem iki Hoş Habar ýazypdyrlar. Siz ünsüňizi Hoş Habarlaryň özünde we Hudaýyň Isa Mesihiň üsti bilen görkezen söýgüsinde jemlemek isleýän bolsaňyz-da, barybir musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň garşysyna gönükdirilen delillerine jogap bermelisiňiz. Hatda şol gözgyny deliller siziň jedeliňize degişli däl bolsa-da, şeýtmelisiňiz. Öz şahsy tejribäme daýanyp aýdýaryn, her bir erjellik bilen subut edilýän bölüm, berlen takyk we täsirli jogap siziň musulmanlaryň aňyna ýetirmek isleýän taglymatyňyzyň örän çynlakaý ara alnyp maslahatlaşma mätäçligine onuň akylyny ýetirtmäge ukyplydyr. 1.10. Isanyň Hoş Habarlardaky nesil şejeresi Musulman: Hoş Habarlarda görkezilen Isanyň gelip çykyşy örän dürli hilli berilýär. Olaryň bir-birlerine gabat gelmeýşini siz nähili düşündirýärsiňiz? Mundan başga-da, Onuň ata-babalarynyň arasynda agzalyp geçilýän birnäçe aýallar uly günäliler bolupdyrlar. Nädip şeýle päk Hudaýyň Ogly halal bolmadyk ata-babalardan gelip çykyp biler? Köp ýagdaýlarda musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň garşysyna getirýän delilleri olaryň mesihilik taglymatyna gowy düşünmeýändigini görkezýär. Bu iki soraga jogap bermek bilen mesihilerde diňe bir bu soraglary beren musulmanyň akylyny durlamaga däl, eýsem Isa Mesihiň halas ediş merhemeti barada-da şaýatlyk etmäge mümkinçilik bolýar. Ýene-de musulmanyň Mukaddes Kitabyň garşy goýýan delilini, Mukaddes Kitabyň esasyny düzýän taglymata şaýatlyk etmäge berlen mümkinçilik hökmünde seretmek zerurdyr. Iki dürli şejere şahasy Mesihiň ýehudy şahasyndan gelip çykyşy Mattanyň Hoş Habarynyň 1:2–16 we Lukanyň Hoş Habarynyň 3:23–38-de ýazylypdyr. Bu ýazgylaryň ikisinde-de Ybraýymdan Dawuda çenli hiç hili tapawut ýok. Ýöne şondan soň olar belli bir derejede deň gelmeýärler. Matta Isanyň gelip çykyşyny Dawudyň ogly Süleýmanyň üsti bilen yzarlaýar, Luka başgaça, ýagny ony Dawudyň ogly Nafanyň üsti bilen dowam edýär. Şu ýerden başlap hem ýazgylaryň ikisi dürli ugurlara gidýär. Musulman ýazyjylary ýazgylaryň biri-birine garşydygyny, olaryň utgaşdyryjy bolup bilmeýändigini aýtma pursatyny elden bermediler. Her gezek musulmanlar şu soragy berenlerinde, olara jogap berip, şu pikiri aýtmak bolar. 1. Her bir adamyň gelip çykyşynyň iki şahasy bar. Ýerde her bir adamyň gelip çykyşynyň iki: biri — ata tarapky, beýlekisi — ene tarapky şahasynyň bardygyny aýtmak zerur dälmikä öýdýän. Hoş Habarlarda ýazylan iki şejere barada aýdanymyzda bolsa, bir zat diýseň aýdyň görnüp dur, ýagny şahalaryň ikisem bir başlangyçdan, ýagny ilki Ybraýymdan çykyp gaýdyp, Dawudyň üsti bilen dowam edýär. Bu şahalaryň ikisiniňem kontekstini has içgin öwrenenimizde, Isanyň kanuny hossary we resmi atasy (esasynda bolmasa-da) Dawudyň ogly Süleýmanyň neslinden gelip çykýar. Onuň ejesi Merýem bolsa, Dawudyň Nafan şahasyndan gelip çykýar, şeýlelikde bu ýerde-de hiç hili gapma-garşylyk ýok. 2. Matta we Luka Isa Mesihiň nesil şejeresini düşnükli beýan edýärler. Bu iki ýazaryň Isanyň gelip çykyşynyň ata we ene şahalaryny ýazandygy diňe bir amatly çaklama däl. Matta özüniň Ýusup tarapyny ýazýandygyny aýdyň düşündirýär (Matta 1:16). Ilkinji iki babyň dowamynda, görşümiz ýaly, Ýusup merkezi keşp bolup durýar. Jebraýyl perişdäniň her bir aýan bolmaklygy Ýusup bilen bagly edilip görkezilýär. Lukanyň Hoş Habarynyň merkezi bolsa Merýemdir we Jebraýyl perişdäniň aýan bolmaklygy diňe Merýem bilen bagly edilip görkezilýär. 3. Luka Isanyň gelip çykyşyny bilgeşleýin bezemäge çalyşmaýar. Luka Isanyň «pikir edişleri» ýaly Ýusubyň ogludygy barada aýratyn gürrüň berýär (Luka 3:23). Onuň Hoş Habarynyň hut şu sözlerinde hem Isanyň nesil şejeresiniň açary bar. Luka Mattadan tapawutlylykda, Luka Isanyň nesil şejeresindäki aýallary ýatlap geçmeýär we diňe erkekler şahasyny suratlandyrmak düzgünine eýermek isläp, Ýusuby Isanyň çak edilýän atasy hökmünde suratlandyrýar. Ol Ýusubyň keşbini diýseň takyk kesgitläp, Isanyň gelip çykyşyny, Onuň ejesi Merýemiň adamsynyň ugry boýunça däl-de, ejesiniň hakyky gelip çykyş ugry boýunça düşündirýär. Matta tarapyndan ýazylan nesil şejeresindäki dört aýal Musulman ýazyjylary Isanyň Matta tarapyndan beýan edilen nesil şejeresindäki agzalyp geçilýän dört aýaly göz öňünde tutup, Onuň Hudaýyň Ogly hökmündäki kämil mukaddesligini ret etmäge çalyşýarlar. Aýallaryň biri gaýyn atasy bilen zyna edip, Isanyň ata-babasy bolan Peresi dogran Tamar, ikinjisi Ýeşuwa ysraýyllylar bilen bile Erihany almakda kömek eden kemçin we özge milletli Rahaw, Boazyň aýaly Rut hem özge milletlidi, hetli Uriýanyň aýaly Batşeba hem Dawut bilen zyna edip, Süleýmany dogurýar. Özleriniň kemçilikleri we özge milletlilikleri bilen Isanyň nesil şejeresini «zaýalan» bu aýallaryň her birini Mattanyň bilgeşleýin agzap geçendigi görnüp dur. Elbetde, ol şeýle etmek bilen Isanyň mertebesine zeper ýetirerin öýtmedi. Eger şeýle pikir eden bolsa, onda ol Onuň neslinde bolan has abraýlyrak aýallary, mysal üçin, Saranyň ýa-da Rebekanyň adyny agzardy. Onda näme üçin ol Isanyň gelip çykyşynyň «arassalygyna» ysnat getiren öýdülýän şu aýallaryň adyny tutduka? Bu soraga resulyň özi jogap berýär. Ol Jebraýyl perişdäniň Ýusuba görnüp, doguljak çaga barada aýdandygyny ýazýar: ...sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden azat eder. Matta 1:21 Gaýyn atasy bilen zyna eden Tamar, kemçin we özge milletli Rahaw, zynahor Batşeba ýaly aýallar üçin Isanyň gelmeginiň gymmaty uludy. Ol öz halkyny günäden halas etmek — aýallara hem erkeklere, ýehudylara hem özge milletlilere gutulyş sowgat bermek üçin mukaddes göklerden inip, bu günäli we azgyn dünýä adam keşbini alyp geldi. Hoş Habaryň başga bir ýerinde Öz gullugynyň maksadyny örän aýdyň düşündirýän Isa duş gelýäris: ...Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Ýöne siz gidiň-de: “Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin” diýen sözüň manysyny öwreniň; çünki Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim. Matta 9:12–13 Isa takwalara we dindarlara dogrulyk nusgasy bolmak maksady bilen gelmedi. Ol Özüne ýüzlenenleriň hemmesini günälerinden halas etmäge, olara hakyky mukaddes durmuşda ýaşar ýaly güýç we Mukaddes Ruhy kabul etme ukybyny bermäge geldi. Bu Mukaddes Kitabyň garşysyna goýlan çekeleşigiň şaýatlyk etmek üçin ajaýyp mümkinçilige öwrülişiniň bir mysalydyr. Her gezek musulmanlar Mukaddes Kitaby şeýle bölümler boýunça günäkärlemäge başlanda, diňe bir olaryň delillerini ret etmek üçin ýol gözlemän, eýsem öz ynamyňyzyň näme aňladýandygyny gürrüň bermäge gowy mümkinçiligi hem görmeli. 1.11. Mukaddes Kitapdaky «bihaýalyk» we «ahlaksyzlyklar» Musulman: Nädip Hudaýyň Mukaddes Sözi saýylýan Kitap özünde Ýahudanyň, Dawudyň zynahorlugy, Hoşeýanyň ahlaksyz aýala öýlenişi hem-de Hudaýyň ahlaksyz we özünden daşlaşdyryjy sözleri açyk aýdyşy ýaly wakalaryň taryhyny özünde jemläp bilýär? Delilleriň bu ugry soňky döwürde has-da giň ýaýraýar. Ol musulmanlaryň pygamberleriň hemmesi günäsiz bolupdyr hem-de Hudaý Öz halkynyň nädogry hereketleri barada gürlände, hiç haçan edepsiz jümleleri ulanmandyr, başga sözler bilen aýdanymyzda, Ol sözleri göni manysynda ulanmandyr diýen çaklamalaryndan gelip çykýar. Delilleriň birinji bölüminden başlaýarys. Pygamberleriň çak edilýän günäsizligi Mukaddes Kitapda gadymky pygamberleriň we dini ýaşulularyň ahlak taýdan ýykylyşy barada köp taryhlar ýazylypdyr. Ýahuda öz gelni Tamar bilen azgynçylyk edýär (Gelip çykyş 38:12–26), oňa çenli bolsa, Lut özüniň iki gyzy bilen şeýle işi edýär (Gelip çykyş 19:30–38), Dawut hetli Uriýahyň aýaly Batşeba bilen zyna edýär, soňundan hem ol aýalyň äriniň uruşda öldürilmegini gurnaýar (Şamuweliň 2-nji kitaby 11:2–5, 14–21). Beýleki pygamberlerem her dürli günäleri etdiler: Musa müsürli bir adamy öldürdi, Ýakup öz kakasy Yshagy aldady, Süleýman müsür halkyndan we özge milletlerden aýallar we gyrnaklar aldy. Musulmanlar şeýle wakany ýigrenýärler, sebäbi olara Adam atadan başlap, Muhammede çenli hemme pygamberleriň günäsiz bolandygy öwredilýär. Isma («günäsizlik») baradaky taglymat hökmünde belli bolan bu taglymat Gurhanda ýok. Ol «Fikh akbar» („Beýik hukuk“) ortodoksal musulman dini taglymatyndan gelip çykan we diňe Mesih günäsiz diýip tassyklaýan mesihilik taglymatyna garşy çykmak maksady bilen düzülendir. Musulmanlar şu delili getirenlerinde, mesihiler Gurhanyň hem pygamberleriň günälidigi barada aýdýandygyny bellemeli. Gurhanda olaryň köpüsiniň öz günäleri üçin bagyşlama soraýyşlary ýa-da bagyşlama soramaga buýruk berlişi barada ýazylypdyr. Mysal üçin: 1. Ybraýym. Ol Hudaý barada «Rabby al-alamin» («dünýäleriň Hökümdary») diýdi we kyýamat gününde günälerini diňe Onuň bagyşlap bilýändigini aýtdy (26-njy süre 82-nji aýat). Musulman ýazarlary şunuň ýaly tassyklamalary hakyky manysyndan mahrum etmäge çalyşýarlar. Olaryň aýdyşlaryna görä, Ybraýym diňe ýalňyşlykdan we büdremeden goranmak üçin dileg edipdir. Ýöne şu sürede ulanylan «ýahfira» sözi «bagyşlamak» sözüne gabat gelýär, «hatiat» sözi bolsa göni we açyk «günä» manyny aňladýar-da, ýalňyşlyk ýa-da ähmiýetsiz günä manysyny bermeýär. Şu söz Nuhuň döwründe adamlaryň «öz günäleri» sebäpli suw bilen ýok edilendigi barada gürrüň berlen ýerinde hem ulanylýar (71-nji süre 25-nji aýat). 2. Musa. Musanyň öz duşmanlarynyň birini öldürip, yzyndan hem: «Taňrym, Men öz-özümi ynjytdym. Meni bagyşla!» diýip dileg edendigini Gurhan nygtaýar. (28-nji süre 16-njy aýat). Alla, elbetde, ony bagyşlady, sebäbi Ol al-Jepbar — «Bagyşlaýjy». 3. Dawut. Gurhan Dawudyň zyna edenini aýtmaýar-da, diňe Nafan pygamberiň ony paş etmesini birneme üýtgedilen görnüşde berýär (Şamuweliň 2-nji kitaby 12:1–15). Ummasyz iri we maýda şahly mallary bolan adamyň bir garybyň ýekeje guzusyny alşy baradaky Natanyň aýdan hekaýaty Gurhanyň uly bolmadyk böleginde gaýtalanýar. Natan bu hekaýaty köp aýaly bolan Dawudyň Uriýanyň hem ýekeje aýalyny alandygyny paş edip, onuň günäsiniň üstüni açmak maksady bilen aýdýar (38-nji süre 21–25-nji aýatlar). Şol bölek Dawudyň bagyşlama sorandygy, Allanyňam ony bagyşlandygy bilen gutarýar. Bu ýerde ýene-de günä bagyşlamany aňladýan söz ulanylýar. Musulman ýazarlary öz jedelleşmelerinde dürli ýollar bilen şu bölejigi ýatlamakdan gaça durýarlar-da, hekaýatyň Dawudyň zynahorlugyna degişlidigine garşy çykýarlar, sebäbi olar başga hili düşündiriş berip bilmeýärler (sebäbi Gurhan Mukaddes Kitapdan tapawutlylykda, şol hekaýaty kontekstde açyk görkezmeýär). Şeýle-de bolsa, Alla Dawuda Hasaplaşyk güni (ýaum al-Hasab) özlerine agyr jezalar garaşýan adamlar ýaly (38-nji süre 26-njy aýat) «höwese özüni aldyrmazlyga buýruk berýär». 4. Muhammet. Yslamyň öz pygamberine «öz günäsi üçin» we dine ynanýan aýallaryň hem-de erkekleriň günäleri üçin ötünç soramaga buýruk berilýär (47-nji süre 19-njy aýat). Şu ýerde ulanylan sözler, Züleýha (Potifaryň aýalynyň musulmança ady) Ýusuby azdyrma islegi üçin toba etmelidigi buýruk berlende-de ulanylýar (12-nji süre 29-njy aýatlar). Mukaddes Kitap asla pygamberleriň günälerini gizlemeýär. Mukaddes Kitabyň hemme adamlar baradaky pikiri şeýle — adamlaryň arasynda ýekeje-de dogrusy ýok, hemmesi azaşan, hemmesi Hudaýa garşy günä edip, ýoluny urduran (Riml. 3:9–8). Şonuň üçin hem ýer ýüzündäkileriň arasynda ýeke-täk günäsiz ýaşan, Alla bolan, Isa Mesih hemmeleriň günälerden halas bolmagy üçin bu dünýä geldi. Bu ýerde biz şaýatlyk etmek üçin görnüp duran mümkinçilige duş gelýäris: musulmanlara pygamberleriň günäkärligini açyp görkezenlerinde, Mukaddes Kitap bilen Gurhanyň ýakyndygyny düşündirmek zerurdyr. Mukaddes Kitapda bar diýilýän «gelşiksiz» bölekler Bu ýerde getirilýän deliliň ikinji bölümi käbir musulman ýazyjylarynyň aýdyşyna görä, ahlaksyz, utançsyz jümlelere esaslanýar. ...müsürliler bilen hem zyna etmegi bes etmedi, sebäbi olar onuň bilen ýaşlygyndan bäri ýatyp-turup gelýärdiler, göwüslerine-de azgynçylyk edip, onuň üstüne aýgyrlygyny dökdi. Şonuň üçin Men ony zynahorluk etmäge höwes eden adamlary bolan Assuryň ogullarynyň, ýagny öz oýnaşlarynyň eline berdim. Olar onuň aýbyny açyp, ogullaryny we gyzlaryny aldy, özüni bolsa, gylyç bilen öldürdi. Jezalandyrylan mahaly ol aýallaryň arasynda iň masgarasy boldy. Ýezekiýel 23:8–10 Bu bap musulmanlaryň nygtaýşyna görä, tutuşlygyna mukaddes Hudaýyň ulanjak sözleri däl. Şuňa meňzeş ýene bir gelşiksiz jümle: Öz ejeňiz bilen sudlaşyň, sebäbi ol Meniň aýalym däl, Menem onuň äri däl, ony ýalaňaçlap, doglanyndaky ýaly edip goýmazym ýaly, çöllüge öwrüp, gury ýer edip, suwsuzlykdan heläk etmezim ýaly, goý, ol ýüreginden bihaýalygy, göwsünden zynahorlugy aýyrsyn. Hoşeýa 2:2–3 Bu bölekler Hudaýyň ysraýyl halkynyň nädogrulyklaryna gelen gazaply gaharyny suratlandyrýar. Hudaýyň Öz halkyny nähili gözleýändigini nyşany suratlandyrjak bolup, Ol Osiýa azgyn aýala öýlenmegi tabşyrýar. Halk Hudaýyň mukaddesligine tabyn bolmagyň deregine, ýalan hudaýlara ýüzlendiler, aralarynda ýaşaýan halklarynyň azgyn durmuşlaryna goşuldylar. Hudaýyň bu bölümlerde ulanan sözleri halky titredip, özleriniň Onuň öňündäki haramlygy üçin utanmalydygyna düşünmäge olarda isleg döretmelidi. Ysraýyl halkynyň Hudaýa bolan gatnaşygy biwepa aýalyň hereketine meňzeýärdi. Öz paýhassyz ýollarynyň nejisligine aýdyň düşünmäge adamlary mejbur etmek üçin güýçli we täsirli dil zerur. Magşar gününde Hudaý hemme haram işleriň — aýgyrlyk, azgynçylyk we ş.m. zatlaryň — öz adyny göni tutar. Ol ahlaksyz hereketleri suratlandyrmak üçin owadan jümleleri saýlamaz. Musulmanlaryň pikiriçe, eger Ol Hudaý bolsa, şeýle hem etmelimişin (ýagny owadan sözleri saýlamalymyşyn). Musulmanlara Hudaýa Kim bolsa, Şollugyna-da galmagyna hem-de Özi nähili islese, şonuň ýaly hem gürlemegine rugsat bermelidigini aýtmak zerurdyr. Hiç kim nädogrulygy we haramlygy nähili suratlandyrmalydygyny Oňa görkezip bilmez. Musulmanlar Mukaddes Kitapdaky şunuň ýaly jümleleriň ýaşlary erbet pikirlere itekläp, olarda her hili azgyn pikirleri oýarýar diýen sözüne aşakdaky aýat bilen jogap beriň: Çünki tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir. Titus 1:15 Munuň ýaly haramlyk Mukaddes Kitapda däl-de, diňe okyjynyň aňynda bolup biler. Millionlarça adamlara hapa durmuşdan el çekmäge kömek eden Mukaddes Kitap ýaly Kitabyň gelşiksiz we ahlaksyz diýip atlandyrylýandygyny eşitmek, diýseň geň galdyrýar. Hut şu Kitaba ynanýan mesihiler hemişe wejera edebiýaty gadagan edýän toparyň merkezinde durýandyrlar. Ýene-de size musulmanlara täsir etmäge örän ýerlikli mümkinçilik berilýär. Olar ýokardaky ýaly mysallary getirenlerinde, Mukaddes Kitaby başdan aýak okandygyny ýa-da okamandyklaryny olardan soraň. Mukaddes Kitaby doly okap çykmagyň gerekdigine, diňe ony «gelşiksiz» we «ahlaksyz» edýän ýerlere üns berip ýörmegi bes etmelidigine ynandyryň. GURHAN MUKADDES KITAP BARADA NÄME DIÝÝÄR? 1.12. Ýehudy we mesihi manuskriptleri (gadymy golýazmalary) Musulman: Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigini Gurhanyň özi tassyklaýar. Köne we Täze Ähtler Musa bilen Isa ilkibaşdaky berlen Kitaplar däl. Şu gün şol hakyky Kitaplar nirede? Siziň okaýan zatlaryňyz bireýýäm Hudaýyň Sözi däl. Bütin dünýädäki musulmanlara Gurhanyň ýehudylaryň we mesihileriň öz Mukaddes Ýazgylaryny üýtgetmekde aýyplaýandygny hakynda öwredýärler. Munuň özi bolsa iň uly ýalandyr. Biz muňa bireýýäm göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, iň gyzykly zat — bu ähli musulman tutarygyna garşylykda, Gurhanyň ýehudy we mesihi Ýazgylary barada örän mähirli seslenme berip, onuň hakykylygyny tassyklamagydyr. Töwrat: ýehudy Ýazgysy Gurhanda ähli ýehudy Ýazgylary umumy bir at bilen, ýagny «at Taura» — Kanun diýip atlandyrylýar we onuň Musa berlen aýratyn Ýazgydygy barada gürrüň berilýär (11-nji süre 110-njy aýat). Indiki aýat bolsa, şol Ýazgylaryň hakykatdygyny, Muhammediň döwründe bolsa, onuň eýýäm ýehudylarda bolandygyny tassyklaýar: Içinde Allanyň kazyçylygy bolan Töwrat barka, olar nädip seni kazy goýar? Mundan soň olar ýüz öwrerler... 5-nji süre 47-nji aýat Bu bölejik ýehudylaryň hakykatdan hem öz Töwradynyň bardygyny açyk aýdýar (5-nji süre 44-nji aýat; Gurhan halka salgylanyp, onuň adyny takyk tutýar). Arap dilindäki asyl nusganyň tekstindäki söz muny tassyklaýar. Kitap «inda hum» — «olar bilen» diýilýär. Gurhanyň bu aýady Muhammediň döwründe bu kitabyň ýehudylarda bolandygyny örän kesgitli aýdýar. Adalatly kazy üçin pygamberiň ýanyna hakykatdan hem gelen ýehudylar barada gürrüň berýän şu aýatdan gürrüňüň Medinäniň sebitlerinde ýaşan ýehudylar barada barýandygy görnüp dur. Bu bölejik Töwrady ilkinji pygamberleriň ýüzlenen «gollanmasy we nury» hökmünde suratlandyrmagy dowam edýär. Pygamberler oňa ýehudylara, olaryň mugallymlaryna we kazylaryna Hudaýyň kanunyny ulanmak gerek bolanda ýüzlenipdirler (5-nji süre 44-nji aýat). Onuň yzyndan olary özlerine açylan zatlara esaslanyp höküm etmelidigi baradaky çakylyk gelýär. Bütin dünýädäki ýehudylar özleriniň taryhynyň dowamynda diňe ýekeje Ýazgyny — biziň şu günki okaýan Köne Ähtimiziň Kitaplaryny bilýärler. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda (Muhammetden sekiz asyr öň) ýehudy dilindäki Köne Ähtiň bize Sertuaginta hökmünde belli bolan grek diline terjime edilendigini biz eýýäm gördük. Täze Ähtiň kitaplary şu güne çenli saklanyp gelen Köne Ähtiň gadymy golýazmalaryndan aýatlary jikme-jik getirýär. Diýmek, Gurhanyň salgylanýan Ýazgylarynyň Köne Ähtdigine hiç hili şübhe bolup bilmez. Gurhan gadymy Ýazgylar barada hemişe uly hormat bilen gürrüň berýär. Eger Ýazgylar ýoýulan we hakyky däl bolsa, onda Gurhan ýehudylary oňa ynanmaga çagyrmazdy. Mukaddes Kitapdaky Musanyň ilkinji bäş Kitabyny ýehudylaryň atlandyryşy ýaly, Gurhanyň hem oňa Töwrat diýýändigi görnüp dur. Injil: mesihi Ýazgysy Ýene-de Gurhan mesihileriň Ýazgysyny göz öňünde tutup, mesihilere örän tanyş söz ulanýar. Ol ony «al-Injil» (Hoş Habar) diýip atlandyryp, Onuň Isa Mesihe açylandygyny aýdýar. Töwratda özünden öň ýere goýberilen zatlaryň hakykylygynyň tassyklamasy bilen biz Merýemiň ogly Isany olaryň yzyndan goýberdik hem-de oňa içinde gollanma we nur bolan, Töwratda özünden öň ýere goýberilen zatlarynyň hakykylygynyň tassyklamasy bolan Injili goýberdik... 5-nji süre 46-njy aýat Şu we şuňa meňzeş bölekler (3-nji süre 33-nji aýat) Gurhanyň Töwrady we Injili ähli ýehudy we mesihi Kitaplarynyň toplumy hasaplaýandygyna şaýatlyk edýär. Biz ýene-de, Gurhandan Muhammediň döwründe mesihileriň öz Ýazgysynyň bolandygynyň tassyklamasyna duş gelýäris: Goý, Injile eýe bolanlar onda Allanyň aşak goýberen zatlary boýunça höküm etsinler. 5-nji süre 47-nji aýat Eger olaryň okan Kitaplary ýoýulan bolsa, onda Gurhan nädip mesihileri öz gollanmalary we nury boýunça höküm etmäge çagyryp biler? Şonuň üçin bu tekst mesihileri «ahyl al-Injil», ýagny «Hoş Habaryň adamlary» diýip atlandyrýar. Bu bolsa, Muhammediň döwründe olarda Hoş Habaryň bolandygynyň ýene bir tassyklamasydyr. Ýehudylarda bolşy ýaly, mesihiler hem bütin taryhynyň döwründe ýekeje Ýazgyny — Täze Ähtiň Kitaplaryny — biziň häzirki okaýan görnüşimizdäki Ýazgyny bilýär. Gurhan başga bir ýerde-de Muhammediň döwründe ýehudylarda we mesihilerde öz Ýazgylarynyň bolandygyny ýene-de görkezýär: ...özleriniň Töwradynda we Hoş Habarynda ýazylan hasaplanýan Hudaýyň goýbereniniň, pygamberiň, ýönekeý adamyň yzyna eýerýänler... 7-nji süre 157-nji aýat Şu Kitaplaryň arapçadan terjime edende «olar bilen» diýen manyny berýän «inda humdygyny» Gurhan ýene bir gezek aýdýar. Ýehudylaryň we mesihileriň şu günem öz Mukaddes Ýazgylary hasaplaýan kitaplarynyň hakykylygyna Muhammediň hiç haçan şübhelenmändigi görnüp dur. Ol olaryň hakykylygyny gürrüňsiz tassyklaýar. Gurhanyň başga bir aýady bu ýagdaýy örän kesgitli belleýär: “Eý, Ýazgylaryň adamlary! Öz Rebbiňizden gelen Töwrady we Hoş Habary amala aşyrýançaňyz, hiç zatda saklanmaň” diýip aýdyň. 5-nji süre 68-nji aýat Eger birinjiden, Ýazgylar olarda bolmadyk bolsa, ikinjiden olar dolulygyna hakyky bolmadyk bolsalar, onda olar nädip Ýazgylara berk ýapyşyp bilerdiler? Muhammediň döwründe ýehudylaryň we mesihileriň ellerinde zeper ýetirilmedik Kitaplar bolandygyny Gurhan şübhesiz öwredýär. Başga bir aýatda, eger Muhammet özüne açylan zatlara şübhelenýän bolsa, onda özünden öň berlen Ýazgylary okaýanlar, ýagny ýehudylar we şuňa meňzeşler bilen maslahatlaşmak bilen oňa maslahat berilýär. Musulmanlar bilen çekeleşmelere gatnaşanyňyzda, Mukaddes Kitabyň hakykydygyna şaýatlyk edýän Gurhanyň aýatlaryny bilmek wajypdyr. Musulmanlara ýaraýandygyna ýa-da ýaramaýandygyna garamazdan, Mukaddes Kitabyň Hudaý tarapyndan açylan Sözdügini Gurhan açyk-aýdyň tassyklaýar. Olaryň kitabynyň biziň kitabymyza edýän sylag-hormatyna esaslanyp, biz musulmanlardanam Mukaddes Kitaba edil şunuň ýaly hormat goýmagyny aýgytly talap etmelidiris hem-de ony edil özleriniň «huzan» we «nur» — «gollanma» we «nur» ýaly okamagyna höwes döretmelidiris. 1.13. Tahrif — Gurhanyň tekstleriniň ýoýulandygy baradaky delilsiz aýyplamadyr Musulman: Gurhanda gadymy Ýazgylaryň ýoýulandygyny aýdýan köp aýatlar bar. Siz nädip Gurhan Mukaddes Kitabyň hakykylygyna şaýatlyk edýär diýip bilýärsiňiz? Birbada seredeniňde, gadymy Ýazgylarda käbir ýoýulmalaryň bolandygyny öwredýän ýaly bolup görünýän ýerler Gurhanda köp. Olar derňelip görlende, olaryň her biriniň nädogry düşündirilmeginde «ahl al-Kitabyň» (ýazgylaryň adamlarynyň, ýagny ýehudylaryň we mesihileriň) günäkärlenýän ýagdaýyna degişlidigi aýdyň bolýar. Ýehudylar we mesihiler öz Mukaddes Kitaplarynyň taglymatyny nädogry düşündirmekde aýyplanylýar. Olaryň hiç biri-de, hiç bir ýagdaýda-da Töwradyň ýa-da Injiliň haçandyr bir wagt ýoýulandygyny tassyklamaýar. Ýokarky sözleriň köp gönükdirilen tekstinden başlaýarys. «Öz dillerini aýnadyp» Musulmanlaryň Gurhana laýyklykda, Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigini subut edýän hökmünde getirýän aýatlaryny çuň derňänimizde, özümiziň bir wagtlar ýazylan tekst bilen däl-de, aýatlaryň nädogry aýdylyşy bilen iş salşandygymyza düşündik. Aşakdaky aýat adaty mysal bolup durýar: Ýehudylardan käbirleri sözleri öz ýerlerinde ýoýýarlar we öz dillerini üýtgedip hem dine urgy getirip: «Biz eşidýäris-de, boýun bolmaýarys, eşidilmedik zady eşit we bizi halas et» diýýärler 4-nji süre 46-njy aýat Musulmanlar bu aýadyň ýehudylaryň öz Ýazgysynyň asyl nusgaly tekstinden bölekleri aýryp taşlap, başga sözler bilen çalşandygyny aňladýandygyny esassyz tassyklaýarlar. Aşakdakylar bolsa, tersine, bolan zatlary subut edýärler. 1. Ýoýulmalar diňe gepleşik dilinde bolupdyr. Bu aýatda ýöňkelýän günäkärleme sözleriň hakyky manysynyň diňe dilde üýtgedilendigi bilen gabat gelýär. Tekst şeýle diýýär: «Öz dillerini üýtgedip». Bu ýerde hakyky ýazmaça tekstiň galplaşdyrylandygy ýa-da üýtgedilendigi barada hiç hili tassyklama ýok. Ýehudylary şunuň ýaly «sözleri ýoýmada» günäkärleme 5-nji süre 44-nji aýatda hem ýüze çykýar. 2. Muhammediň döwründe ýaşan ýehudylaryň sözleri ýazgarylýar. 4-nji süre 46-njy aýatda arap dilindäki «saniana» sözi «bizi diňle» diýmegi aňladýar, ýöne çalaja edilen ýoýulma ony kemsitme sözüne öwürýär. Ýehudylaryň Ýazgylarynyň asyl nusgasy baryp gadymy ýehudy dilinde ýazylan, Gurhan bolsa Muhammediň döwründe ýaşap, araplar bilen arap dilinde gürleşen ýehudylara salgylanýar. Ýene bir ýerde-de gürrüň hakyky Ýazgynyň üýtgedilendigi barada däl-de, ýehudylaryň öz sözlerinde ýol beren «sözleri aýnatma» degişlidir. Dildäki ýoýulmalar Ýehudylaryň we mesihileriň öz asyl nusgadaky Kitaplaryny üýtgedendiginiň çaklamasy hökmünde getirilýän adatça subutnamasyny görkezýän ýene bir aýat: Eýsem siz olaryň özümize ynanmagyny isleýärsiňizmi? Olaryň arasynda Allanyň sözüni eşidip, oňa akyl ýetireninden soň onyň bilgeşleýin ýoýulan taraplary bar. 2-nji süre 75-nji aýat Bu ýerde-de, bu aýat gadymy Ýazgynyň tekstindäki üýtgetmeler barada däl-de, birnäçe dildäki ýoýulmalaryň bolandygyny görkezýän birnäçe bellikleri aýdýar. 1. Belli musulman alymlarynyň pikiri. Iki sany beýik musulman alymy ar-Razi we Baýdawi bu aýadyň «tahrif-lafzi», ýagny Ýazgylaryň hakyky tekstiniň üýtgemegini däl-de, «tahrif-manawi» (ýoýma) — Hudaýyň Sözüniň manysynyň ýoýulanyny aňladýandygyny aýdýarlar. Gurhanyň hiç ýerinde-de ýehudylaryň ýa-da mesihileriň öz Mukaddes Kitaplaryny «tahrif» (ýoýma) edendigi barada aýdylmaýar. Yslamyň gadymy asyrlarynda-da olara şeýle günäkärleme ýöňkelmändi. 2. Allanyň aýdan Sözi. Gurhanyň bu aýady diňe Allanyň Kelamynyň (Sözüniň) üýtgedilendigini habar berýär. Aýadyň düşnükli aýdyşyna görä, bu ýerde olaryň «eşiden» sözleri göz öňünde tutulýar. Üýtgedilmä Kitab (ýazylan Kitap) sezewar edilmedi. Mesihileriň we ýehudylaryň Mukaddes Ýazgylary barada gürrüň edende, Gurhan hemişe olara Allanyň Kitaby hökmünde salgylanýar. 3. Muhammediň wagyz eden Sözi. Hut Gurhanyň wagyz etmesiniň ýoýulmalara sezewar edilendigi aýdyň görnüp dur. Aýatda Muhammediň wagyz eden Gurhanyny eşidenden soň ony üýtgeden adamlaryň topary barada gürrüň berilýär. Onda ol nädip olaryň özüne ynanmagyna garaşyp bildikä? Bu aýady Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigi baradaky subutnama öwürmek üçin, öz kelläňe gaty güýçli zor salmak gerek bolýar. 4. Muhammediň hatlaryny diňe diňleýjileriň bir bölegi üýtgetdi. Diňe Muhammediň döwründe ýaşan ýehudylaryň onuň hatlaryny ýoýmakda aýyplanýandygy göze görnüp dur. Indiki aýat ýehudylary pygamber bilen duşuşanda, öz ynamlary barada aýdyp, soň bolsa, özleriçe onuň sözlerini ýoýma netijesine gelmekde aýyplaýar. Bu ýerde hem açyk-aýdyň görnüp dur — bu aýat hatda göçme manyda hem ýehudylaryň we mesihileriň Mukaddes Ýazgysynyň çak edilýän üýtgedilmesini göz öňünde tutmaýar. Hudaýyň Sözüniň dilde ýoýluşy Gurhana laýyklykda, Mukaddes Kitabyň üýtgedilendiginiň subutnamasy hökmünde musulman ýazarlarynyň ulanýan ýene bir aýady getirilýär. Ol bolsa, diňe gepleşik dildäki üýtgedilmä degişlidir: Olaryň arasynda öz dilleri bilen ýazgyny gyşardýanlar bar. Olar muny ol ýazgy bolmasa-da, ýazgy hasaplamagyňyz üçin şeýdýärler hem-de: “Bu Alladandyr” diýýärler, ol bolsa Alladan däl, olar ýalandygyny bilseler-de, Alla barada ýalan sözleýärler. 3-nji süre 78-nji aýat Bu gezegem günä ýöňkemäniň Mukaddes Kitabyň tekstiniň üýtgedilmegine degişli däldigi göze dürtülip dur. Bolan wakany aňlatmak üçin ulanylan sözler «dilde ýoýulmany» aňladýar. «Dil» sözüniň ulanylyşy bolsa, şu ýerde üýtgemeleriň gepleşikde bolandygyny göz öňünde tutýar. Bu Mukaddes Kitapdan bolmadyk tekstleri Mukaddes Kitabyň tekstleri hökmünde ulanylandygyndan gelip çykýan kynçylykdyr. Ýoýulmalara şaýatlyk edýän ýaly bolup görünýän bölekler Musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň hakykylygynyň garşysyna ulanýan ýene-de birnäçe tekstleri bar. Olaryň pikiriçe, öz tutarygyny berkidýän ýaly bolup görünýän aýatlaryň biri ine, şu: Ýazgyny öz elleri bilen ýazyp, soňam onuň üçin kiçiräk töleg almak üçin: “Bu Alladan” diýýänleriň dat gününe! Elleriniň ýazan zatlary we gazanan zatlary üçin dat olaryň gününe. 2-nji süre 79-njy aýat Bu aýatda kimdir biriniň gazanç etmek üçin tekst ýazyp, ony-da Ýazgylar hökmünde satandygy açyk aýdylýar. Bu ýerde diňe atsyz ýazarlaryň topary tarapyndan düzülen uly bolmadyk parçalar göz öňünde tutulýar. Emma bu ýerde-de Mukaddes Kitabyň öz tekstiniň üýtgedilendigi barada günäkärlemä duş gelmeýäris. Hakyky Töwrat we Injil barada hemişe hormat bilen aýdylýar. Ýokarky aýatda bolsa, olaryň üýtgändigi kakdyrylyp hem aýdylmaýar. Mundan başga-da, beýleki köp tekstler ýaly bu tekst hem düşnüksiz. Şonuň üçin näme bilen iş salyşýandygymyza akyl ýetirmek kyn bolýar. Tekst takyk nämäniň ýazylanyny, kimiň we haçan ýazanyny düşündirmeýär. Biziň soňky seretmeli aýadymyz, musulmanlaryň pikiriçe, Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigi hakynda Gurhanyň gürrüň berýändigi baradamyş: Eý, ýazga eýe bolanlar! Siz näme üçin hakykaty ýalan bilen örtýärsiňiz-de, hakykaty gizleýärsiňiz, munuň şeýle däldigini bilibem şeýdýärsiňiz. 3-nji süre 71-nji aýat Bu ýerde-de hakykatyň ýoýulandygy umumy günäkärleme bilen aýdylýar. Bu aýat Mukaddes Kitabyň özüniň üýtgedilendigine şaýatlyk edýär diýip aýtmak asla bolmaz. Bu ýerde ýehudylaryň we mesihileriň Ýazgylary agzalmaýar. Gadymy musulman alymlarynyň Gurhanyň gürrüňini edýän «tahryfynyň» Mukaddes Kitabyň özüniň tekstiniň üýtgedilendigine däl-de, onuň manysynyň düşündirilişine degişlidigini tassyklaýandygyna geň galasy iş ýok. Munuň garşydaş tarapyny yglan edýän musulmanlar bolsa, bilgeşleýin «hakykaty ýalan bilen örtýärler», belki şolar hem «Hakykaty gizleýändirler». 1.14. Töwrat, Injil we Gurhan Musulman: Häzirki Mukaddes Kitap Musa we Isa berlen hakyky Töwrat we Injil däldir. Sizde Hudaýyň Sözi däl-de, Pawlusyň we beýleki ýazarlaryň kitaplary bar. Hakyky Töwrat we Injil nirede? Musa we Isa berlen Gurhan ýaly kitaplaryň bardygyny subut edýän hiç hili taryhy maglumat ýok. Musulmanlaryň hut şu kitaplaryň hakyky Ýazgylardygy baradaky tassyklamasyny goldaýan ýekeje-de setir ýok. Bu bolsa, musulmanlaryň Gurhanynyň ilkibaşdaky görnüşinde soňky harpa we nokada çenli doly saklanandygyna bolan ynamyna şübhe döredýär. Eger Alla bir Kitaby saklap bilen bolsa, onda näme üçin beýleki ikisiniň bardygy barada kiçijik bir subutnamany saklap bilmedikä? Maglumatlara esaslanýan taryhy resminamalar munuň Gurhanyň taglymatydygyny tassyklamaýarlar. Töwradyň we Injiliň tebigaty Bu iki Kitabyň Musa bilen Isa hakykatdan hem goýberilendiginden başga-da, Gurhan olaryň özi bilen meňzeşdigini hem öwredýär: Ol saňa hakykat içinde ýazgy (al-Kitab) goýberdi we oňa çenli goýberilenleriň hakykylygyny tassyklady. Şeýle hem Ol Töwrady (at-Taura) we Hoş Habary (al-Injil) adamlara gollanma hökmünde goýberdi... 3-nji süre 3-nji aýat Gurhan bir wagtyň özünde «al-Kitaba» (Ýazga) we iki dine ynanýanlara «ahl al-Kitab» (Ýazgynyň adamlary) hökmünde salgylanýan bolsa hem, onuň ýehudylaryň we mesihileriň Kitaplaryny aýratyn belleýändigini biz eýýäm gördük. Şeýle hem Gurhanyň Muhammediň döwründe bar bolan ýehudylaryň we mesihileriň Ýazgylaryny üýtgedilmedik hakyky Töwrat we Injil diýip ykrar edýändigini aýdyň gördük. Musulmanlaryň kynçylygy ine, nämede jemlenýär: diňe ýehudylaryň we mesihileriň iki Kitaby olaryň bir wagtlar meşhur bolan Mukaddes Ýazgysy, ýagny Köne we Täze Ähtlerdir. Olar görnüşi we äheňi boýunça-da örän meňzeş bolup, soňkusy hemişe birinjä salgylanýar. Olaryň ikisem gürrüňleri, pygamberlikleri, pygamberleriň we resullaryň sözlerini, Hudaýyň hakyky sözüni we taglymatyny özünde jemleýär. Ýöne olaryň birinde-de Gurhan bilen hatda takmynanam meňzeşligi ýok. Mukaddes Kitabyň abraýyny düşürjek bolup, ýagny onuň üýtgedilendigini subut etjek bolup, musulmanlar örän köp wagt ýitirdiler, ýöne esasy düýp meselä üns bermediler. Biziň iki Kitabymyzyň musulmanlaryň çaklaýşyna görä bir wagtlar bolan Gurhana meňzeş Töwradyň we Injiliň bolandygy baradaky pikir bilen ylalaşmaýanlygy üçin, olaryň öňünde duran anyk mesele — bu hakyky Kitaplary görkezmek ýa-da hiç bolmanda, Mukaddes Ýazgylyryň öňki häsiýetine degişli nähilidir bir subutnama getirmek. Olar şuny edýänçäler şonuň ýaly kitaplaryň bolmandygyny subut edilen hasap etmek bolar. Musulmanlar hem öz gezeginde Gurhanyň Hudaýyň Sözüdigi üçin, Gurhanyň sözüniň hakyky kitaplaryň bolandygyny subut etmekde gerek bolan ýeke-täk şaýatlykdygyny nygtarlar. Gaýtam tersine, bir wagtlar nesilden-nesle geçen, diýseň wajyp kitaplaryň bolandygyna degişli bolan taryhyň dymmagy Gurhanyň çak edilýän gelip çykyşynyň hudaýlyk tebigatynyň garşysyna şaýatlyk edýär. Ýehudylarda we mesihilerde her gün okaýan iki sany gadymy Ýazgylarynyň bolandygyny Muhammet bilipdir diýen logiki netijä gelmek bolar. Ýazgylaryň hakykylygyna şübhelenmäge onda hiç hili esas bolmandyr, ýöne ol olaryň Gurhan bilen meňzeşligi barada nädogry çak edipdir. Musulmanlar maňa köp gezek: «Hakyky Töwrat we Injil nirede? Şol Kitaplary bize görkeziň, biz göreli» diýdiler. Meniň jogabym hemişe tutanýerli boldy: «Ýok, olary siz bize görkeziň! Olaryň bardygyny biziň däl-de, siziň kitabyňyz aýdýar. Biz onuň ýaly kitaplar bilen gyzyklanmaýarys, olaryň haçanda bolsa bir wagt adamlara açylandygyna-da ynanmaýarys. Olary barlamagymyz üçin bize görkezmek siziň borjuňyz». Kanun we Hoş Habar Gürrüň musulmanlardan üstün çykmakda däl. Biziň gutarnykly maksadymyz — bize Isa Mesihde açylan Hudaýyň merhemetine şaýatlyk etmek. Her gezek musulmanlar haýsydyr bir ilkinji Ýazgy baradaky soragy aýaga galdyranlarynda, bize olara örän ýönekeý soragy: «Aslynda Töwrat we Injil diýen atlar nämäni aňladýar» diýen soragy bermäge gowy mümkinçilik bolar. Gurhanyň köp ýerlerinde bu sözler Kanun we Hoş Habar diýip terjime edilipdir. «Bu näme diýemekdir? Kanun näme üçin Musa açylypdyr hem-de Isa bilen gelen Hoş Habar näme?» diýip soramak mümkin. Şu ýerde ýekeje adamyň hem Kanuny ýerine ýetirmek bilen halas bolup bilmejekdigini hem-de halas bolmanyň diňe Hudaýyň merhemeti bilen Isa Mesihde amala aşanlygyny görkezmek mümkin. Aşakdaky aýat bu gapma-garşylygy gysgaça şeýle jemjeýär: ...Musa arkaly Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy. Ýahýa 1:17 Pawlus özüniň rimlilere we galatýalylara ýazan hatynda günäniň adam bilen Hudaýyň arasyna ägirt uly uçut salandygy, Musa berlen Kanunyň hiç kimi halas edip bilmändigi baradaky ýagdaýa ünsümizi jemleýär. Ysraýyllylar çölden geçýän döwründe, altyndan öküz ýasap, Kanuny doly ret etdiler. Şol öküziň öňünde şatlanyp tans edenlerinde bolsa, on tabşyrygyň hemmesini bir urguda bozdular. Bu bolsa Hudaýa: «Biz Seniň kanunyňa boýun bolmak islemeýäris» diýip aýtmagyň gödek usuly bolupdy. Adamyň ýüreginiň jümmüşinde Hudaýyň mukaddes kanunyna instinktleýin garşylyk gizlenip ýatyr. Men musulmanlardan: «Günä Hudaýa ýaraýarmy ýa-da ýok?» diýip, köp gezek sorap gördüm. Jogap hemişe üýtgewsiz şol bir «Ýok» diýen söz boldy. Şonda men olara: «Onda siz näme üçin ertir irden turup, galan ömrüňize gaýdyp günä etmejegiňize Hudaýa söz bermeli dälmişiňiz?» diýýärin. Bu soraga jogap hiç haçanam takyk berilmändi. Erbetlik etmegiň adamyň şahsy saýlawydygyny, şeýle saýlawyň garşydaşynyň ýagşylyk etmekdigini yslamyň näçe öwredýändigine seretmezden, ýüreginiň çuň ýerinde günäniň ýaşaýandygyny musulmanlar bilýärler. Günäkär adamyň Hudaýy tapmaga güýjüniň ýetmeýändigini, ýöne Hudaýyň Öz merhemeti bilen bizi Isa Mesihde tapandygyny görkezmek bilen köp zada ýetip bolar. Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. Ýahýa 3:16 Ine, Hoş Habar näme, ine, Injil sözi nämäni aňladýan eken: şuňa meňzeşlikde, Isa diýen adyň özi-de «Hudaý biziň gutulyşymyz» diýmegi aňladýar (Matta 1:16). Goý, musulmanlar Hudaýyň gutaryşy baradaky Hoş Habaryň («Injil» sözüniň manysynyň) nämedigini bilsinler. Her gezek olar hakyky Hoş Habaryň nirededigini soranlarynda: «Ol hemme ýerde» diýip jogap beriň. Ony görkezmegi haýyş edenlerinde bolsa, olara hakyky Hoş Habar barada gürrüň beriň. Öz gezegiňizde siz hem olardan Isanyň şahsyýeti bilen baglanyşykly aýdylýan arap jümleleriniň nämäni aňladýandygyny, olaryň näme üçin ulanýandygyny soraň. Öz şahsy delilleriniň musulmanlara şaýatlyk etmek üçin ajaýyp mümkinçilige öwrülişine ýene-de üns beriň. 1.15. Mukaddes Kitapdaky Köne we Täze Ähtler Musulman: Siz näme diýseňizem, Köne we Täze Ähtiň Hudaýyň hakyky Sözi däldigine biz ynanýarys. Bir wagtlar, entek yslam peýda bolmanka, olar üýtgedilipdir. Musulmanlar hemişe bir agyzdan bu nukdaý-nazary goldaýarlar. Ahyrynda, eger mesihiler musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň abatlygy baradaky subutnamalaryna garşy durmak isleseler, birnäçe pikirleri getirýärin. Köne Ähtdäki Isa baradaky pygamberlikler Köne Ähtiň Isa Mesih ýere gelmezinden birnäçe asyr öň düzülen ýehudy Ýazgysydygyna seretmezden, ol Isa baradaky köp pygamberlikleri, has takygy, mesihilik ynamynyň we Täze Äht taglymatynyň esasyny düzýän iki aýratynlygy özünde jemleýär: 1. Isa Mesihiň hudaýlyk tebigaty. Bu barada Ýyl ýazgylarynyň 1-nji kitaby 17:13-de; Mezmur 3:7, 89:27–29-da; Işaýa 9:6-da we Köne Ähtiň köp ýerinde aýdylýar. Ýehudylar hiç haçan hem mesihilere öz Mukaddes Ýazgysyna asyl nusgada bolmadyk beýle taglymatlary girizmäge ýol bermezdiler. 2. Haça çüýleme we günäleriň ýuwluşy. Isanyň haça çüýlenjekdigi baradaky waka Mezmur 22:2–22-de, 69:2–30-da, günäleriň ýuwluşy bolsa Mezmur 53:7-de, şeýle hem Köne Ähtiň köp ýerinde öňünden aýdylýar. Bu entek kitabyň hakykylygynyň peýdasyna ynandyryjy ýene bir şaýatlyk. Sebäbi ýehudylar haçandyr bir wagt öz Ýazgysyny üýtgeden bolsalar, şu sözleri, elbetde, ilki bilen aýrardylar. Ilkinji ýazgyny kim ýoýdy? Musulmanlar aslynda Ýazgyny kimiň we haçan üýtgedendigine degişli bolan taryhy maglumatlary hiç haçanam görkezip bilmändiler. Mesihilik dünýäsiniň Täze Äht bilen bilelikde ýehudylaryň Köne Ähtini hakyky Hudaýyň Sözi hökmünde açyk ykrar edýändigini ýatlap geçmek bolar. Ondaky hemme zat zeper ýetirilmän, şol durşuna dur. Hiç zadam musulmanlaryň pikir edişi ýaly üýtgedilmändir. Biziň eýýäm bilşimiz ýaly, Köne Ähtiň grekçe terjimesi, ýagny Sertuaginta Isa Mesih gelmezinden iki ýüz ýyl öň edilipdir. Ol iň gadymy ýehudy ýazylanlary bilen doly gabat gelýär. Häzirki Köne Ähte ýehudylaryň Isa we Muhammet gelýänçä-de hormat goýan Ýazgysy bolandygyna hiç hili şübhe bolup bilmez. Şu Kitap hem Gurhanyň düýbünden ret edýän iki sany Täze Äht taglymatyny — Isa Mesihiň hudaýlyk tebigaty we haça çüýlenişi baradaky pygamberligi öz içine alýar. Ýehudylyk we mesihilik — bu düýbünden dürli, käwagt bolsa, biri-birine aýgytly garşy duran dinlerdi. Olaryň ikisini-ňem özleriniň içki şahsy agzalalygy bardy. Taryhyň haýsydyr bir belli bolmadyk döwründe olar öz Ýazgylaryny üýtgetmäge bir agyzdan razylaşandyrlar diýip, biz çynlakaý çak edip bilerismi? Şunuň ýaly hakykata gabat gelmeýän syrly dildüwşik barada aýtmanda-da, şeýle waka ýazylman galmazdy. Eger hatda bir diniň wekilleri Köne Ähti agzybirlik bilen ýoýma kararyna geläýenlerinde-de, olar beýleki diniň tarapdarlaryny şeýle etmäge yryp bilmezdiler. Musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň üýtgedilmelere sezewar edilendigi baradaky subutnamalary düýbünden logika gabat gelmeýär. Bu beýik taryhy ýalňyşlyklaryň biridir. Irki musulman alymlary we Mukaddes Kitap Yslamyň irki asyrlarynda Köne we Täze Ähtiň hakykydygynyň açyk ykrar edilmegi diýseň üns bererlikli zat. Köne we Täze Ähtiň Töwrada we Injile meňzeşligi bolsa, hiç haçan şübhe astynda galmandy. Mukaddes Kitabyň Gurhanyň sözi bilen ýazylmandygyna seretmezden, musulman alymlary ony barybir kabul etdiler. Olar muny bir tarapdan ýehudylarda we mesihilerde başga hiç hili ýazgylaryň bolmandygy üçin, başga bir tarapdan bolsa, Kitabyň Hudaýyň Adam atadan başlap, tä Isa Mesihe çenli Öz halkyna nähili mugjyza görkezendigi barada sussuňy basyjy şaýatlyklary berýändigi üçin şeýtdiler. Galyberse-de, eger Mukaddes Kitap hakyky kitaplary öz içine almaýan bolsa, onda ol nireden peýda boldy? Ýehudylara we mesihilere Hudaýyň hakyky kitaplaryny äsgermän, mukaddes taglymatlaryň kitabyny düzmek nämä gerek boldy? Yslamyň irki döwürlerindäki beýik musulman alymlarynyň birnäçesiniň tutaryklary häzirki musulman ýazarlarynyň esasy delillerine garşy goýlan bolup biler. 1. Ali at-Tabari. Ol Muhammediň ölüminden 150 ýyl geçenden soň ýaşap geçipdir. Ol abbasid halifi al-Mutawakkiliň köşgünde örän meşhur lukman bolupdyr. Ol öz barlaglaryna Muhammede degişli diýip hasap eden, Mukaddes Kitabyň pygamberleriniň köp şaýatlyklaryny girizip, yslamyň pygamberini gorap, iş ýazýar. Ilkinji kitabyň ýehudylaryň kitaby bolan Töwratdygyny ol açyk görkezýär. Mesihileriň Kitaby bolan Injil barada hem ol şol bir zatlary aýdýar. Olaryň manysy barada gürrüň bermek bilen at-Tabari Köne we Täze Ähtiň mazmunyny umumy görnüşde görkezýär. 2. Abu al-Gazaly. Bu musulman dünýäsinde meşhur bolan özboluşly akyldarlaryň biri hem-de hemmeler tarapyndan ykrar edilen beýik Yslam ylahyýetşynasy. Mesihiň ölüminden bäş ýüz ýyl geçenden soň ýaşap geçen hem bolsa, ol Üçbirligiň taglymaty barada giňişleýin düşündiriş ýazypdyr. Şol işinde ol mesihileriň Ýazgysynyň hakykylygyny açyk ykrar edýär. Ol muny Ibn Hazin ýaly köp dürli garaýyşlaryň tarapdary bolan alymlaryň Mukaddes Kitaba garşy çykýan döwürlerinde etdi. Abu al-Gazaly mesihileriň öz Ýazgysyny nädogry düşündirýändigini tassyklaýar. Ol 1111-nji ýylda dünýäden ötýär. 3. Farhuddin ar-Razi. Ol Al-Gazalydan 100 ýyl soň ýaşap geçen, 1209-njy ýylda dünýäden öten beýik ylahyýetşynaslaryň ýene biridir. Ol Mukaddes Kitabyň tekstiniň hiç haçan üýtgedilmändigini, Gurhanyň taglymatynyň Mukaddes Kitabyň taglymaty bilen gabat gelýändigini tutanýerlilik bilen aýdyp geçipdir. Bu beýik alymlar Gurhanyň hiç wagt üýtgedilmä sezewar edilmedik, hakyky Hudaýyň Sözi bolan birinji Ýazga dahyllydygyny müdümileşdirdiler. Mukaddes Kitabyň hakykylygyny ret etmek üçin islendik zady edýän häzirki zaman musulman ýazyjylarynyň ýadawsyz myjabatlaryna jogap bermek üçin mesihiler şu maglumatlary bilmelidirler. 2. ÜÇBIRLIK BARADA TAGLYMAT HUDAÝ BARADAKY MESIHILIK TAGLYMATY 2.1. Mukaddes Kitabyň Üçbirlik baradaky taglymatynyň çeşmeleri Musulman: Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde-de Hudaýyň üçbirlikdigi barada aýdylmaýar. Onda «üçbirlik» sözüniň özi-de bir gezegem gabat gelmeýär. Ýehudylar bir Hudaýa ynanýardylar. Grekler we rimliler köp hudaýlara ynanýardylar. Ýygnak olaryň hemmesine-de ýaranjak bolup, üç hudaýyň birligi baradaky nazarýeti oýlap tapypdyr. Üçbirlik baradaky taglymat — bu mesihileri we musulmanlary ikä bölýän soraglaryň biridir. Soňkular muny Gurhanyň esasy manysy bolan Hudaýyň hemme taraplaýyn birligi baradaky ýörelgäniň edil ýüreginden urýar diýip hasaplaýarlar. Musulmanlar Hudaýy kömekçilere paýlamaga edilýän islendik synanyşygyň şirkdigine (ýagny köphudaýlyk ýa-da «Hudaýyň üstüni ýoldaşlary bilen ýetirmekdigine») ynanýarlar. Bu bolsa bagyşlanyp bilinmejek günäleriň iň ulusy bolan ýeke-täk günä hasaplanýar. Hakykatynda Alla Öz üstüniň ýoldaşlary bilen doldurylmagyny bagyşlamaýar. Ýöne mundan kiçi bolan zatlary islän adamyna bagyşlaýar. Allanyň üstüni ýoldaşlary bilen doldurýan bolsa, ol beýik günäni toslap tapýandyr. 4-nji süre 48-nji aýat Üçbirlik baradaky mesihilik taglymatynda Isanyň Hudaý we Mukaddes Ruh bilen bileligine düşünilýär. Musulmanlar üçin Alladan Ogul doglandygy baradaky pikir bilen ylalaşmak, doly ynamsyzlygyňy aňlatmak bilen deňdir. Musulmanlar çagalykdan şu kitapda eýýäm getirilen süräni ýat tutýarlar. Olar ony Gurhandaky iň esasy süreleriň biri, manysy boýunça bütin Gurhanyň üçden bir bölegine deň hasaplaýarlar. “Ol — Alla — ýeke-täkdir, Alla bakydyr; Ol hiç kimi dogurmady, Özi-de dogulmady, Oňa deň bolan hiç zat ýokdur” diýip aýt 112-nji süre 1–4-nji aýatlar Musulmanlara şaýatlyk edip oturşyňyza, olaryň Hudaýyň üç şahsyýetde hereket edýändigine uly güýç bilen garşy çykýandygyna göz ýetirersiňiz. Olaryň pikiriçe, mesihilik ynamynyň iň ejiz ýeri bolan taglymatyň üstüne gazaply çozýarlar. Galyberse-de, bir Hudaýda nädip üç şahsyýet hereket edip biler? Näme, Isa ölen wagty Hudaý hem öldümi? Haçda şahsyýetleriň üçüsem öldümi? Eger olaryň hemmesi bir bolýan bolsa, onda şeýle-de bolmaly? Musulmanlar jedelleşerler. Olar Mukaddes Kitapda Üçbirligiň agzalmaýandygyny nygtaýarlar. Subutnamalaryň barlygyny şu taglymatyň berk Mukaddes Kitap esaslarynyň barlygyndan başlalyň. Hudaý — Ata, Ogul we Mukaddes Ruh Musulmanlar bilen söhbetdeşlikde bize Mukaddes Kitapda açylan Hudaýyň şahsyýetiniň Üçbirligine — Ata, Ogla we Mukaddes Ruha esasy ünsi düşürmek wajypdyr. Bu Şahsyýetleriň her birine tertip boýunça seredip geçeris. 1. Hudaý Ata. Hudaýyň Täze Ähtindäki giň ýaýran ady — Ata. Isa Hudaýy hemişe «Meniň Atam» (Matta 18:10), «siziň Ataňyz» (Luka 12:32), «Ata» (Ýahýa 14:13) diýip atlandyrýardy. Dileg edip ýüzlenende bolsa: «Eý Ata» (Ýahýa 11:41) diýýärdi. Bu ýerde Hudaý hakynda dahyllylygy aňladýan sözleriň ulanylýandygy wajyp zat, ýagny Ol diňe bir Hökmürowan däl-de, ýeke-täk Şahsyýet bolsa-da, dahyllylyk Onuň hudaýlyk tebigatynyň içinde belli bir derejede bar. Hudaýyň bu ady beýleki dinlerde örän seýrek duş gelýär. Yslamda bolsa hiç haçanam ulanylmaýar. 2. Hudaý Ogul. Hut ikinji Şahsyýet bolan Ogul bilen hem Ata Hudaý birinji derejeli ähmiýeti bolan gatnaşyklar bilen baglanyşykly. Bu ikinji Şahsyýet hemişe Özi barada gökdäki Atasynyň Ogly hökmünde gürleýän Isa atly adam boldy: «...Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan başga hiç kim tanaýan däldir» (Matta 11:27), «...Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir“ (Ýahýa 5:23), «Men Atadan çykyp, dünýä geldim; indi bolsa dünýäni terk edip, Ata barýaryn» (Ýahýa 16:28). Musulmanlar bilen Üçbirlik barada söhbetdeş bolanyňyzda, Ata bilen Ogluň hudaýlyk ýakynlygynyň bardygyny görkezmek üçin, şu aýatlara aýratyn üns bermeli. Adam tebigatynyň ýekejesiniňem şunuň ýaly akyl ýetmez düşünjesi ýokdur. 3. Hudaý Mukaddes Ruh. Täze Ähtde hemişe üçünji Şahsyýet — Mukaddes Ruh peýda bolup durýar. Ol hudaýlyk derejede Ata we Ogul bilen ýakynlyga eýedir. Ogul ony Atadan alyp goýberýär. Ol Atadan çykýar we Ogul barada şaýatlyk edýär (Ýahýa 15:26). Mesih haça çüýlenip, ölümden direleninden soň Ata Mukaddes Ruhy Ogluň ady bilen ýere goýberýär, Mukaddes Ruh hem Isanyň şägirtlerine Onuň aýdanlaryny ýatladýar (Ýahýa 14:26). Bu sözleriň hemmesi ozal başda Atada bolan we Hudaý bolan Atanyň beýik Sözi Isa Mesihiň Öz agzyndan çykýar (Ýahýa 1:1–10). Mukaddes Kitapda Isa hemişe Hudaýyň Ogly diýip atlandyrylýar. Hatda gökden iki gezek gürlän Atanyň Özi-de: «Bu Meniň söýgüli Oglum» diýip aýtdy (Matta 3:17, 17:5). Mukaddes Kitapda Üçbirlik barada aýdylanlar Biz Mukaddes Kitapda Üçbirligiň üç Şahsyýeti barada-da bir wagtda gürrüň berýän jümleleriň köpüsine gabat gelýäris. Musulmanlar bilen söhbetdeşlikde peýdaly boljak üç bölege seredip geçeris. 1. Mattanyň Hoş Habary (28:19): Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Bu aýatda Isa Mesih Öz şägirtlerine «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen suwa çümdürip, bütin dünýä gidip, bütin milletleri şägirt etmeklerini buýruk berýär. Mesihiň üç Şahsyýeti hem sanap, Olaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn birligi aňlatmak üçin birlik sany ulanmagy diýseň ajaýyp zat. Şunuň ýaly usul bilen «at» sözi Mukaddes Kitapda, adama adyň kömegi bilen kesgitleme bermek gerek bolan ýagdaýynda köp ulanylýar. Mysal üçin, Moşe (Musa) adynyň berilmeginiň sebäbi, ol suwdan (maşah) çykarylyp alnypdy. Matta 28:19-da bolsa, Isa bu sözi üç Şahsyýetiň tebigatynyň umumydygyny görkezmek üçin ulanýar. 2. Pawlusyň korintoslylara ikinji haty (13:13): Üçbirligiň ak patasy. Pawlus öz hatynyň ahyrynda korintosly mesihileri Ogluň merhemetine, Atanyň söýgüsine we Mukaddes Ruha şäriklige ynandyrýar. Ýene-de Üçbirligiň her Şahsyýeti beýleki ikisi bilen baglanyşyklylykda ýatlanýar: resul korintoslylara Hudaýyň üç Şahsyýetiniň ak patasynyň berilmegini isleýär. 3. Pawlusyň efeslilere haty (2:18): baky Ata geçelge. Hudaýlyk bileleşiginiň umumy maksady barada gürlände, Pawlus Üçbirligiň Şahsyýetleriniň hemmesini-de agzaýar, Hudaýyň Ogly Isa Mesihiň üsti bilen ähli imanlylaryň — ýehudylaryňam, özge milletleriňem bir Ruhda baky Ata barmaga gaýraty bar. Bu ýerde-de üç Şahsyýetiň birligini görmezlik mümkin däl. Bu ýerde Olaryň aragatnaşyklaryny birleşdirýän hudaýlyk tebigaty-da bellenilýär. Matta 28:19-da okyja umumy hudaýlyk tebigaty görkezilýär, 2 Korintoslylar 13:13-de umumy hudaýlyk ak patasy — Üçbirligiň hemme Şahsyýetleriniňem umumy hudaýlyk elýeterligi görkezilýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň üçbirligine şaýatlyk edýän başga-da köp subutnamalar bar. Hatda Köne Ähtde-de ikinji Şahsyýet Atanyň Ogly hökmünde agzalyp geçilýär. Mukaddes Ruh barada bolsa, Hudaýyň gönüden-göni wekili we Onuň hususy Ruhy hökmünde gürrüň berilýär (Gelip çykyş 1:2; Mezmur 51:13). Musulmanlar bilen söhbetdeşlikde Üçbirligi Ýygnagyň oýlap tapandygyny, Ol barada öz hakyky Ýazgylaryndan — Mukaddes Kitapdan bilendigini olara görkezmek wajypdyr. Isanyň bu dünýä gelmeginiň özüniň Hudaýyň Üçbirlik tebigatyna akyl ýetirmäge mümkinçilik berendigini görkezmegem peýdalydyr. Köne Äht adatça Hudaý barada Ysraýylyň Reb Hudaýy Ýehowa hökmünde gürrüň berýär. Emma Isa öwretmäge başlanda Hudaý barada Ata, Özi barada Ogul hökmünde we Mukaddes Ruhuň inişi barada köp aýdýar. Ol şonda Üç Şahsyýetiň hemmesiniň hudaýlyk şöhraty, umumy tebigaty we maksady paýlaşýandygyna hiç hili şübhe galdyrmaýan jümleleri ulandy. Ol şeýle etmek bilen Olaryň arasynda hemme taraplaýyn birligiň höküm sürýändigini görkezdi. Netijede Täze Äht hemişe keramatly Üçbirligiň her bir Şahsyýetinde, mesihileriň Hudaýy (Atany) tanap biljek, Ol tarapyndan bagyşlanan bolup biljek (Onuň Ogly Isa Mesihiň üsti bilen), Hudaýyň barlygyna eýe bolup biljek (Mukaddes Ruhda) ugry hökmünde pikirini bir ýere jemleýär. Imanlylaryň eýe bolan Hudaý bilen berk birleşmesi arkaly Ýehowa salgylanmalaryň hemmesi ýitip gidýär. Sebäbi Hudaýyň hakyky tebigaty we Üçbirligi indi has dolulygyna açyldy. 2.2. Hudaýyň tebigatynyň akyla sygmazlygy Musulman: Yslamyň Hudaý baradaky pikiri düşünmek üçin örän ýönekeý, mesihiligiň Üçbirlik baradaky taglymaty bolsa, akylyňy bulaşdyrýar. Eger siz Üçbirlik barada müň sany kitap ýazsaňyzam, Ony soňuna çenli hiç haçanam düşündirip bilmersiňiz. Biziň taglymatymyzyň manysy, poçta belliginiň ýüzünde-de beýan edilip bilner: Huwa Allahy ahad — «Ol — Alla— ýekedir». Musulmanlaryň pikiriçe, Hudaýyň nädip Üçbirlikde bolup biljegine düşünmek örän kyn. Mesihiler bolsa olara bu taglymaty düşündirjek bolup, özleriniň kellesiniň çaşýan wagtlary-da az bolmaýar. Bu ýönekeý iş däl, biz muny boýun almaly. Şeýle-de bolsa, bu taglymatyň kynlygy onuň sagdyn manydan mahrumdygyny aňlatmaýar. Megerem, kynçylygy — onuň bähbidine iň güýçli delildir. Galyberse-de, biz dünýäleriň baky Hudaýynyň tebigaty bilen iş salyşýarys. Ol gökden we ýerden has beýik. Eger Onuň tebigaty biziň akyl ýetirişimizden ýokarda bolsa, muňa geň galmak hökmanmy? Mukaddes Kitabyň özüniň aýdyşy ýaly: Sen barlamak bilen Hudaýy tapyp bilermiň? Perwerdigäre doly akyl ýetirip bolarmy? Ol göklerden ýokarda — näme edip bilersiň? Dowzahdan-da çuňlukda — näme bilip bilersiň? Eýýup 11:7–8 Yslam dünýäsindäki Hudaý düşünjesine düşünmegiň örän aňsatdygyny, şonuň üçin şol düşünjäniň mesihileriň ykrar edýän akyl ýetirip bolmajak taglymatyndan ýerliklidigini musulmanlar tassyklaýarlar. Şeýle sorag ýüze çykýar: Täze Ähtde Hudaý barada adam aňyna düşnükli bolar ýaly başga nukdaý-nazar ýokmy? Kennet Kraggyň aýdyşy ýaly, Üçbirlik baradaky taglymat özüniň poçta belliginiň ýüzünde ýerleşip bilýän göwrümli ýazga çenli gysgalyp bilme ukyby bilen öwnüp bilmez. Musulman ýazyjysy Afif Tabbara: «Gudraty güýçli Hudaý Öz ýaradan zatlaryndan diýseň tapawutlanýar hem-de adam aňy bilen düşünerden has beýikdir» diýende, hakykata golaýlaşýar. Hudaýy tanamagyň ýollarynyň gözleginde Üçbirlik baradaky taglymat aňa garşy çykmaýar. Ýöne ol adamyň çäklendirilen düşünjesinden köp ýokarda. Ol düşünjäniň başga dürli derejesini talap edýär. Bu taglymaty akyl we seljergi taýdan barlamaklyk onuň düýp manysyny az düşündirýär. Resul Pawlus şeýle diýýär: Hudaýyň ölüleri direltmegi näme üçin sizde bolmajak zat saýylýar? Res.iş. 26:8 Pawlus Agrippa patyşa we kazyýetiň beýleki agzalaryna ýüzlenende, ölüleriň direlişine çuň manyly jogap bermäge synanyşmady. Bu diňe iman meselesi, ähli musulmanlar ölüleriň direlmesini diňe ynam bilen ykrar edýärler. Biz şeýle sorag berip bileris: onda näme üçin olaryň hemmesi dünýäni dolandyrýan Hudaýy Özüniň tükeniksiz we baky tebigatynda akla sygmaz hasaplaýarlar? Täze Äht biziň Hudaýymyzyň tebigatyna düşünmegimizden, Onuň bilen saklamaly gatnaşygymyz barada has köp aladalanýar. Biziň Hudaý barada bilýän zatlarymyz Ony hakykatdan tanamagymyzyň zerurlygy ýaly wajyp däl. Onuň mukaddesligine bil baglamagymyz, Ol tarapyndan bagyşlanan bolmak we baky durmuşa ynanmagymyz — ine, mesihileriň Mukaddes Kitaby näme barada alada edýär. Pawlusyň aýdyşy ýaly, biz Hudaýy tanamaga gelýäris, has dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýarys (Galat. 4:9). Hudaýyň Öz baky Üçbirlik tebigatynda haça çüýlenmegi, «görünmez Hudaýyň keşbi» (Kolos. 1:15) bolan Isa Mesihde adam keşbine girmegi arkaly biz Hudaýy tanadyk we Ol tarapdan tanaldyk. Biziň üçin iň esasy zadyň Hudaýyň tebigatyna düşünmek ýa-da ony tanamak däl-de, Hudaýyň öňünde dogrulykda gezmekdigini, Onuň goldawyny gazanmakdygyny musulmanlara aýtmak gerek. Hudaý biziň Özüne akyl ýetirmek bilen meşgullanman, eýsem Özüni söýmegimizi, Oňa boýun bolmagymyzy isleýär. Üçbirlik: Hudaýyň ylhamy Rim-katolik, Protestant we Prawoslaw ýaly esasy ybadathanalaryň köp pikirde bir bolmasalar-da, Üçbirlik hakdaky taglymat babatda hiç haçan jedelleşmändiklerini hem musulmanlara aýtmak wajyp. Şunuň ýaly bir pikirliligiň sebäbi bolsa, bu taglymaty hiç kim oýlap tapmady. Ol Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň ylhamyny çuň öwrenilende ýüze çykýar. Bu Täze Ähtiň Kitaplaryny obýektiw öwrenmegiň netijesinde alnyp bilinýän Hudaý baradaky ýeke-täk taglymatdyr. 325-nji ýylda bolup geçen Nikeý mejlisi Üçbirlik baradaky taglymaty gutarnykly kesgitläpdir. «Üçbirlik» diýen jümle ilkinji gezek beýik mesihi alymy Tertullian tarapyndan teklip edilýär. Musulmanlar bolsa, bu maglumaty Mesih haça çüýlenenden üç asyr geçenden soň ybadathananyň bu taglymaty oýlap tapandygyna şaýatlyk hökmünde köp ulanýarlar. Käbirleri bolsa gülüp, IV asyra çenli, Ybadathana entek Hudaýy Üçbirlige öwürmänkä, Onuň ýeke bolandygyny aýdýarlar. Men şu soragy düşündirilende birnäçe gezek peýdaly bolan delilleriň örän amatly ýoluny teklip edip biljek. Köp asyrlaryň dowamynda adamzat Ýeriň tekizdigine, Günüň, älemleriň, ýyldyzlaryň bolsa onuň daşyndan aýlanýandygyna ynanypdyr. Birnäçe ýüz ýyl mundan öň Galileý, Kopernik we beýleki älemşynaslar ýeriň aslynda togalakdygyny, giňişlikde ýüzüp ýörendigini hem-de Günüň daşyndan aýlanýandygyny yglan etdiler. Bu nazarýet ret edildi (ylaýtada, ybadathana tarapyndan gazaply ret edildi), sebäbi bütin taryhyň dowamynda Ýer umumy, ol tekiz, islendik ýagdaýda-da sagdyn pikir biziň älemimiziň tekizdigini, asmanyňam onuň daşyndan aýlanýandygyny aýdýar diýip hasaplapdyrlar. Biziň öz okumyzyň daşyndan her gün sagatda 1000 milden gowrak tizlik bilen aýlanýandygymyz, Günüň daşyndan 10.000 mil tizlik bilen aýlanýandygymyz şol döwrüň adamlarynyň akyly üçin hakyky bolup bilmejek zat bolupdyr. Bu gün bolsa, biz bu nazarýeti özümiz görüp, göz ýetirmesegem, ylmy subutnamalar arkaly kabul edýäris. Ýöne Hudaýyň tebigatyny ylmy taýdan subut etmek mümkin däl. Onuň adamlaryň şeýle ýeňil çaklamalarynyň düýbünden tersine bir zat bolmagy mümkin. Ybadathana Hudaýyň Üçbirlik tebigatyny biziň älem-jahanymyz baradaky hakykat açylmazyndan takmynan kyrk asyr öň kesgitledi. Näme üçin? Sebäbi Hudaý bize Öz hakyky tebigatyny Ýazgyda açdy. Ybadathana Hudaýy Üçbirlige öwürmedi. Ol başdan şeýledi. Käbir musulmanlar Üçbirlik düşünjesiniň matematik ýol bilen subut edilip bilinmejekdigini nygtaýarlar. Olar 1+1+1=3 bolýar diýýärler. Hatda matematikler hem adaty san ýaly goşup, aýryp, bölüp, köpeldip, sanap bolmajak tükeniksizligi aňladýan nyşan ulanýarlar. Tükeniksiz Hudaý hem edil şunuň ýaly. Çäklendirilen sözler bilen Oňa akyl ýetirip bilmeýäris. Biziň matematikamyzyň hem bakylygy kesgitlemäge güýji ýetmez. Mesihilik dünýä düşnükli Hudaýy görkezmäge çalyşmaýar. Onuň maksady — tanalan Hudaýy — Öz çagalaryny söýýän Atany, olary günälerinden halas etmek üçin janyny gurban eden Ogly, Hudaýyň ýaradanlaryny ýagtylandyrýan Mukaddes Ruhy açmak. Adamyň maksady — gögi karta geçirmek ýa-da Hudaýyň düşünmesi aňsat bolan asyl özenini işläp düzmek hem-de ony poçta belliginiň ýüzünde ýerleşer ýaly göwrüme çenli kiçeltmek däl-de, Hudaý bilen bolmak. 2.3. Hudaýyň birligi — Üçbirlik baradaky taglymatyň özenidir Musulman: Mesihiler üç keramata sežde edýärler. Şeýtmek bilen köp hudaýlyga (çirk) baş goşup günä edýärler. Mukaddes Kitap Hudaýyň ýekedigine aýratyn üns berýär. Siziň taglymatyňyz Ýazgyňyz bilen gabat gelmeýär. Musulmanlar Hudaýyň ýekedigini Mukaddes Kitabyň aýdýandygyny nygtaýarlar. Bu bolsa Üçbirlik baradaky taglymaty derbi-dagyn edýär diýip çaklaýarlar. Köne Äht şeýle diýýär: «...ýokarda — gökde, aşakda — ýerde Reb Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur...» (Kanun Taglymaty 4:39). Täze Äht hem şunuň ýaly tassyklaýar: «...Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir» (Markus 12:29). «...Hudaý ýalňyz Hudaýdyr» (Riml. 3:30; Galat. 3:20). Musulmanlar bilen Üçbirlik baradaky gürrüňdeşlikde Hudaýyň ýekediginiň edil Gurhanda bolşy ýaly Mukaddes Kitapda hem düýpli taglymatdygyny ilki başdan ýola goýmak üçin, ýokarky aýatlary ulanmak peýdalydyr. Jedelli mesele Mukaddes Kitabyň gürrüň berýän Hudaýyň Üçbirligi baradaky taglymatyndaky bu birligiň toplumlaýyn tebigatynda jemlenýär. Hudaý: üçhudaýlylyk däl-de, Üçbirlik «Üç nädip bir bolup biler? Her bir adam — bu aýratyn ýaradylyş we özbaşdaklykdyr. Üç adam hiç haçanam bir tebigatly, bir jan bolup bilmez» diýip, musulman adalatly sorag berip biler. Bu soraga jogap berenimizde, biz Mukaddes Kitaba ýüzlenmeli-de, onuň Atany, Ogly we Mukaddes Ruhy nähili görkezýändigine seretmeli. 1. Ýahýanyň birinji haty (1:5): «...Hudaý nurdur...» Mukaddes Kitap ýygy-ýygydan biziň ünsümizi şu sözde jemleýär. Ol Hudaýy «...üýtgeme, çalşyk kölegesi bolmadyk nurlar Atasy» diýip atlandyrýar (Ýakup 1:17), Hudaýyň Ogly Isa Mesih: «Men dünýäniň nurudyryn; Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýip yglan etdi (Ýahýa 8:12). Täze Äht hem Ol barada şaýatlyk edip, Onuň hiç haçan üýtgemeýändigini, «düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdigini» aýdýar (Ýewr. 13:8). Mundan başga-da, Hudaý «...Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanama nuruny» bermek üçin biziň ýüregimizi Mukaddes Ruhy bilen ýagtylandyrýar (2 Korint. 4:6). Şu ýerdenem Olaryň arasyndaky düýp-teýkaryň we maksadyň hemme taraplaýyn birligi açyk-aýdyň görnüp dur. 2. Ýahýanyň Hoş Habary (3:33): «...Hudaý hakykat...» Bu aýat hakykatyň Ata Hudaýyň aýrylmaz özenidigini gürrüň berýär. Hudaýyň Ogly hem Özi barada şeýle diýýär: «Men hakykatdyryn...» (Ýahýa 14:6). Mukaddes Ruh hem «Hakykat Ruhy» diýlip atlandyrylýar (Ýahýa 15:26). Olaryň hiç birinde-de ýalan ýok. Adamlar bir-birinden aýratynlygy, häsiýeti boýunça tapawutlansa-da, Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň arasynda hiç-hili tapawudyň ýokdugyny ýene-de görýäris. Olar hakykatdyrlar. 3. Ýahýanyň birinji haty (4:8): «Hudaý söýgüdir». Täze Äht Hudaýyň söýgüsine köp şaýatlyk edýär (Ýahýa 16:27) hem-de Hudaýyň söýgüsiniň bizi günälerimizden halas etjek bolup, Öz Ogluny goýberenliginde açylandygyny gürrüň berýär (Riml.5:8; 1 Ýahýa 4:10). Şeýle hem Täze Äht Hudaýyň söýgüsiniň «Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandygyny» (Riml. 5:5) tassyklaýar. Ýene-de biz Üçbirligiň üç Şahsyýetiniňem özeniniň we maksadynyň hemme taraplaýyn birligini görýäris. Hudaýyň merhemeti barada hem şu zatlary aýtmak bolar. Atanyň her bir ýaşaýşyň çeşmesi bolşy ýaly, Ogul hem Özüni «ýaşaýyş» diýip atlandyrdy (Ýahýa 11:25). Mukaddes Ruh hem Hudaýyň Onuň «üsti bilen ölümli bedenimize ýaşaýyş berjek» (Riml. 8:11) Ruhudyr. Şu aýatlaryň hemmesinde-de bir-birine garaşly bolmadyk üç sany Şahsyýeti däl-de, hudaýlyk üçbirligi görýäris. Biziň taglymatymyz bary-ýogy Hudaýyň birligi baradaky kesgitlemede saklanýar. Onsuz Üçbirligiň esasy häsiýeti ýitýär. Siz bu pikiri Hudaýyň tebigatynyň birliginden daşarda asla düşündirip bilmersiňiz. Isanyň aýdyşy ýaly: «Ata bilen Ogul birdir» (Ýahýa 10:30). Bu hemmetaraplaýyn birlige Mukaddes Ruh hem girýär. Yslamyň ilkinji asyrlarynda musulmanlaryň Üçbirlik baradaky taglymata garaýşy Gadymda musulmanlaryň Üçbirlik baradaky taglymata nähili seredendiklerini bilmek örän gyzyklydyr. Bu mowzuk boýunça iň ähmiýetli we gutarnykly ylmy eser Abu Isa al-Warragyň IX asyrda ýazan «Ar-Radd ala al-Tahlis» («Üçbirligi ret etmek») atly işi bolupdy. Abu Isa şol döwrüň mesihi ylahyýetşynaslary bilen köp jedelleşýär. Olar Hudaýyň Üçbirligini hakyky ýagdaýynda düşündirýärler hem-de esasy ünsi Söz hökmünde Ogulda, ýaşaýyş hökmünde Mukaddes Ruhda jemleýärler. Sebäbi biziň bilşimiz ýaly, Isa Mesih Özüni «ýaşaýyş» diýip atlandyrýar. Häzirki mesihileriň Üçbirlik baradaky taglymaty düşündirmäge çalşanlarynda, köplenç mysallara ýüzlenişi ýaly (gabygyň, agyň we sarynyň bir ýumurtgany emele getirýändigini mysal getirişi ýaly), şol döwrüň mesihileri-de, meniň pikirimçe, deň gelmeýän (käwagt bolsa, ýalňyşlyga alyp barýan) usullary ulanandyrlar. Olar üç aýratyn Şahsyýetiň bir tebigatda bolup biljegini akyl taýdan düşündirmäge çalşandyrlar. Abu Isa al-Warrak hem edil şunuň ýaly jogap berýär. Ol ilkinji gezek musulman alymy Kindi tarapyndan kesgitlenen, ýagny Hudaý — bu hiç haçan bölünmeýän, Öz tebigaty boýunça köpelmeýän zat diýen pikire eýerýär. Musulman ýazyjylarynyň köpüsi bolsa, mesihilik taglymatyny Gurhanyň nukdaý-nazaryndan (ýagny Allanyň Ogly we kärdeşi bolup bilmez, Isa bolsa, bary-ýogy goýberilen adam bolupdyr diýip) tankytlapdyrlar. Abu Isa Üçbirlik taglymatyna bitarap bolup seredipdir. Ol özüni şol taglymaty gowy öwrenen hasaplapdyr. Eger şahsyýetler substansiýa bolsa, substansiýa hem ýeke we bir dürli bolsa, şahsyýet hem üç sany bolsa, diýmek mesihiler dürli zady birmeňzeş edipdirler diýip subut edýär. Ol ýene-de, eger substansiýa şahsyýet bilen deň bolsa, onda onuň biri beýlekisi bolmaly diýip subut edýär. Üç bir bolup bilmez, birem üç bolup bilmez. Eger olar dürli bolsalar, diýmek substansiýa dördünji bolýar. Abu Isa öz delillerini şol döwürlerde meşhur bolan düşündiriji nazarýetleriň esasynda gurýar. Şol nazarýetleriň biri şu aşakdakyda jemlenýär: adamyň akyly — pikirleriň ýeke-täk ölçegidir, pygamberler hem öz akyly bilen düşünip gürlemelidirler. Hudaýyň Üçbirligini nazary pikirleriň kömegi bilen düşündirmäge çalyşsak, näme bolýandygyny görersiňiz. Men siziň ünsüňizi şu kitabyň girişinde berlen maslahata ýene bir gezek çekmelidirin — nazarýetlere, akyla ýa-da mysallara däl-de, Mukaddes Kitaba ýüzleniň. Biziň musulmanlara jogabymyz şeýle: biziň taglymatymyz — bu Hudaýyň ylhamynyň önümi, ony çäklendirilen adam aňy bilen subut etmek bolmaz. Biz Hudaýyň Özüni Özüniň açandygy baradaky pikiri goldaýarys, sebäbi, Karl Pfanderiň aýdyşy ýaly, bakylyga adamyň akyly ýetmez. Onuň öçügsi ýagtysy hakykat ýolunyň şöhlesini ünsden sypdyrar. 2.4. Üçbirlik baradaky taglymatyň butparaz kökleri barmy? Musulman: Üçbirlik taglymaty mesihilikden öň dörän üç hudaýly butparaz dinlerine daýanýar. Müsürlilerde, induslarda, rimlilerde we greklerde özleriniň hudaýlary bardy. Musulmanlaryň Üçbirlikdäki Hudaýyň tebigatyny görmezlige salmagy we mesihilik ynamyna üç hudaýly hökmünde baha bermegi, olary mesihiligi Üçbirlik baradaky taglymatynyň gadymy butparaz dinlerde ugurdaş bolmagynda günäkärlemä alyp barýar. Şu sorag boýunça musulman edebiýatlarynda teklip edilýän mysallara seredeliň. 1. Müsür hudaýlary Osiris, Isida we Gor. Musulman edebiýatynda müsürlileriňem üç hudaýa — Osirise, Isida we Gora ynanandyklary nygtalýar. Birnäçe musulman ýazarlarynyň pikiriçe, şol hudaýlar «hudaýlaryň üçbirliginiň bir görnüşi» bolup, mesihilik Üçbirligi bilen deň derejelidir. Musulmanlar bilen söhbetdeşlikde ýene-de hudaýlyk tebigatynyň birligini hem-de mesihilik ynamynyň esasyny düzýän birhudaýlygy bellemek zerurdyr. «Üçbirlik» sözüniň özi hudaýlygyň birligini aňladýar. «Hudaýlaryň üçbirligi» diýende nämäni göz öňünde tutýandygyny diňe musulmanlaryň özleri bilýär. Bu jümle özünde gapma-garşylygy saklaýar. Hyýaly hudaýlary Osiris, Isida we Gor bir maşgalany — ata, ene, ogly düzýärdiler. Bu bolsa Ata, Ogul we Mukaddes Ruh baradaky mesihilik taglymatyndan diýseň uzakda. Mundan başga-da, olar Müsür hudaýlarynyň bary-ýogy üçje sanysy. Müsürliler üç tebigatly Hudaýa ynanmandyrlar. Olar köp hudaýlara ynanypdylar. Osiris, Isida we Gor dagylar hemmetaraplaýyn bir hasaplanmandyrlar. Tizara biz butparaz üçbirlikleriniň Mukaddes Kitap taglymatyna seredende, Gurhanyň mesihi taglymatyny ýalan beýan etmelerine ýakyndygyny göreris. 2. Indus üçmurtisi: Brahma, Wişnu we Şiwa. Induslar üçmurtä — Brahmadan, Wişnudan we Şiwadan ybarat bolan üçbirlige ynanýarlar. Musulmanlar mesihiligiň Üçbirlik baradaky taglymatynyň düýbünde şu nazarýetiň hem ýatandygyny aýdýarlar. Indus nazarýeti boýunça geçirilen taryhy barlaglar olaryň arasynda hatda çalaja-da meňzeşligiň ýokdugyny tassyklady. Induizm Krişna, Rama, Sita, Ganeşa, Hanuman, Kali we şuňa meňzeş köp hudaýlar bar diýip çaklaýar. Upanişada, Weda we beýleki indus tekstleri Brahmany, Wişnuny we Şiwany haýsydyr bir gatnaşyklaryň birleşdirilendigini aýtmaýar. Weda pesinden 33 sany dürli hudaýy ykrar edýär. Olar bolsa köplenç bir-birine garşy çykýarlar. Olaryň köpüsi indus aýal hudaýlaryna öýlenipdirler. Üçmurtiniň başlangyjy giçki hindi dilindäki ýazuwda duş gelýär we bulary V asyryndan öň bolan hasaplanylmaýar. Mesihiligiň Üçbirlik baradaky taglymaty bu wagtdan öň doly kesgitlenipdi. Mukaddes Kitabyň Üçbirlik baradaky taglymatynyň ýeke-täkligi Üçbirlik taglymatynyň butparaz dininden gelip çykanyny aýdýan musulmanlar Onuň şol dinlerden gelip çykyşynyň subutnamasyny görkezmeli. Üçbirlik taglymaty hemmetaraplaýyn ýeke-täkdir. Başga dinlerde Oňa meňzeş hiç zat ýokdur. Eger Ol Täze Ähtiň sahypalarynda açylmadyk bolsa, onda Ony hiç kim oýlap tapyp bilmezdi. Ol bir hudaýlygyň mekany bolan we Köne Äht döwründäki Ysraýyl Hudaýynyň ölçegleri bilen doly gabat gelýän Hudaýy görkezýän ýehudy dünýäsinde peýda bolupdyr. Musulmanlar bu taglymatyň butparaz dininden gelip çykandygyny subut etjek bolanda, mesihilere Hudaýyň şöhratyna we biziň halas bolmagymyz üçin Onuň eden işine şaýatlyk etmäge ajaýyp mümkinçilik tapylýar. Täze Äht Hudaý baradaky mesihilik taglymatyny kesgitlemäge, ony bir ulgama salmaga ýa-da düşündirmäge synanyşmaýar. Ol ony diňe yglan edýär! Öz taglymatyny indiki mesihi nesilleri hem düşündirip bilmelidirler. Matta, Markus, Luka, Ýahýa, Pawlus we Täze Ähtiň beýleki ýazarlary esasan hem, Atany, Ogly we Mukaddes Ruhy baglanyşdyrýan gatnaşyklary düşnükli görkezmegiň aladasyny edipdirler. Olar mesihileriň ýüreginde Üçbirlige iman döretmäge we şol imany berkitmäge çalşypdyrlar. Eýýäm aýdylyp geçilişi ýaly, Hudaý Özüne kesgitleme berilmegini, tebigatynyň barlanmagyny, Onuň ölçeglerini düşündirýän zatlaryň işlenip düzülmegini däl-de, Özüniň söýülmegini we gürrüňsiz Özüne boýun bolunmagyny isleýär. Ony görmek, maddylaşdyrmak, sanamak ýa-da gutarnykly kesgitleme berip bolýan zada öwürmek bolmaýar. Ýöne Ony tanamak mümkin. Mesele biziň özümiz üçin örän wajyp bolan zatda jemlenen, has takygy — Hudaýyň halas etmesini almak, Hudaýy tanamak, Onuň perzendi bolmak, iň soňunda bolsa, Onuň patyşalygyny miras almak. Indiki bölümde biz musulmanlar bilen Üçbirlik hakyndaky sorag barada söhbetdeşlik etmegiň birnäçe usullaryna serederis we näme üçin şol soraglary jedel üçin däl-de, şaýatlyk etmek üçin mümkinçilik hökmünde ulanmagyň gowudygyny göreris. 2.5. Ata, Ogul we Mukaddes Ruh Musulman: Adam üçin iň beýik abraýyň Reb we Mugallym bolan Allanyň guly bolmakdygyny Gurhan öwredýär. Bizden Onuň kanunlaryna boýun egmek, eger bagyşlanma almak islesek, onda Magşar günine ynanmak talap edilýär. Musulmanlar Hudaýyň merhemetine we günäleriniň bagyşlanmagyna ynamly bolup bilmeýärler. Olar Hudaýy tanamak ýa-da Onuň bilen şahsy gatnaşykda bolmak mümkin däl hasaplaýarlar. Gurhan şeýle diýýär: Ýerdäkileriň we gökdäkileriň her biri Gudraty güýçliniň ýanyna diňe gul hökmünde gelýär... 19-njy süre 93-nji aýat «Gul» manysyny aňladýan arap sözi — «abd». Şu süräniň Isanyň: «Men Allanyň guly» (19-njy süre 30-njy aýat) diýip, Özi barada gürrüň berýän ýerinde-de, şu sözi ulanýar. Yslama laýyklykda, islendik adamyň Allanyň öňündäki iň beýik dereje — bu öz keramatly Mugallymynyň we Kazysynyň guly bolmakdyr. Şonuň üçin musulmanlar Hudaýyň merhemetine mynasyp bolmak üçin, beýik Magşar güni gelende, Onuň olaryň durmuşyny makullajagyna umyt baglamak üçin, özleriniň diňe Hudaýyň guly hökmünde ýaşamalydygyna ynanýarlar. Şeýle ýagdaýda mesihileriň öňünde has beýik umydy we has şöhratly Hudaýy açan Üçbirlik barada şaýatlyk etmäge işiň merhemet meýdany açylýar. Ata Hudaý: Hudaý bizlik Hadyslara laýyklykda, Allanyň 99 sany «ajaýyp ady» bar. Şol atlar bolsa, Onuň häsiýetini aňladýarmyş. Şolary ýat tutan her bir adam jennete barmaga bil baglap bilýärmiş (as-Sahih Muslima, 4 t. 1410 sah.). Birinji on üç at bolsa, 59-njy süre 22–24-nji aýatda şu görnüşde berlen: ar-Rahman (Mähirli), ar-Rahim (Rehimdar), al-Mälik (Patyşa), al-Kuddus (Mukaddes) we ş.m. Sufä laýyklykda, Allanyň diňe gadymy beýik Sufi mugallymlaryna açylan ýüzünji ady-da bar. Men musulmanlara eger ýüz ady san ýazgysyna geçirip, bir ada öwürsek, onda bu ýene-de bir at bolman, eýsem, ilkinji, Hudaýyň Täze Ähtde giň ýaýran ady — Ata bolar diýip, köp kakdyrdym. Gurhanyň hiç ýerinde-de we irki yslam edebiýatynda-da Hudaýa «Ata» diýilmeýändigi görnüp dur. Gurhanyň öwredişi ýaly, eger adamyň Hudaýyň öňünde eýeläp biljek iň ýokary ýeri — bu Onuň guly bolmak bolsa, onda şeýle ýagdaýda Ol diňe biziň Hojaýynymyz (Eýämiz) (al-Mälik) bolup galýar. Gurhan biziň Hudaýyň çagasy bolup biljekdigimiz baradaky pikire ýol bermeýär. Mundan başga-da, ol tersine bolan zady tassyklaýar (6-njy süre 100-nji aýat). Şeýle-de bolsa Isa gürrüň bermäge duranda, Hudaýyň hakyky imanlylaryň ählisiniň Atasydygyny hemişe aýdýar. Üçbirligiň birinji Şahsyýetine berlen bu at, Hudaýyň bizlikdigine şaýatlyk edýär. Eger Ol biziň Atamyz bolan bolsa, indi biz eýýäm Onuň gullary däl-de, çagalary bolýarys. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde gul bilen çaganyň arasyndaky derejäni deňeşdirmek örän peýdaly bolar. Gul her gün öz iýjegini gazanmaly, hojaýynyň ony söýmegi bolsa, hökman däl — hojaýyn gulundan diňe öz borçlaryny ýerine ýetirmegine garaşýar. Eger gul öz işini bolmalysy ýaly etmese, onda ol jezalandyrylýar. Mundan başga-da, ol öz hojaýynynyň öýünde ýaşamaýar-da, öz ýaşaýan ýerine gidýär. Emma ogul özüni atasynyň söýýändigini, öýünden kowmajakdygyny bilýär. Ogul Atasynyň öýündäki ornuny gazanmaly däl-de, şol öýe özüniň hukugy bolany üçin şol ýerde ýaşaýar. Ol gulda hiç haçan bolmadyk, ýöne özünde bar bolan azatlykdan lezzet alýar. Hudaýyň söýgüsini tanan hakyky mesihiniň hem ýagdaýy şeýle bolýar. Biz Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir! 1 Ýahýa 3:1 Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy Luka 12:32 Diňe Hudaýy Ata hökmünde tanap, Onuň söýgüsiniň dolulygyna akyl ýetirip bolar. Hudaýyň çagalary bolan imanlylar Onuň özlerine merhemet etjegine we Hudaýyň Patyşalygynda ýeriniň bardygyna ynamly bolup biler. Hudaý Ogul: Hudaý biziň bilen Isa Mesih Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem şägirtlerini Özüne iman etmek bilen Hudaýyň çagalary bolýandyklaryna ynandyrdy. Hut Isanyň Öz janyny biziň üçin orta goýmaga taýynlygynda hem biz Hudaýyň dolulygyna açylan söýgüsini görýäris. Adam keşbine giren, Üçbirligiň ikinji Şahsyýeti bolan Ogul diýseň ýokary derejede Hudaý bilen adamy ýaraşdyrdy. Men musulmanlardan Allanyň özlerine söýgüsini ýokary derejede nädip görkezendigini köp soraýardym. Şonda köp dürli jogaplar alýardym. Hudaýa bolan söýgüsi synalanda, Ybraýymyň öz ogluny gurban bermäge taýýar bolşy ýaly, Ol hem söýgüsini olara görkezmek üçin, Özüni gurban etdimi? Yslam bu soraga oňyn jogap bermeýär. Diňe Üçbirlikde jemlenen Hudaýyň ylhamynda siz söýginiň şeýle kämil görkezilişini taparsyňyz. Aşakdaky aýatlar aýdylanlaryň netijesini şeýle jemleýär: Biz Hudaýy däl, eýsem Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine söýgi şudur. 1 Ýahýa 4:10 Hudaý bize bolan söýgüsini biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Riml. 5:8 Biz Isa Mesihde günälerimiziň geçilendigine ynamly bolup, Hudaýyň özümize bolan söýgüsiniň diýseň beýikdigine ynanyp bileris. Musulmanlar beýle söýgini bilmeýärler. Gurhan Hudaýyň söýgüsi barada gürrüň berende we Allany «al-Wadud» — «Söýýän» (85-nji süre 14-nji aýat) diýip atlandyranda, musulman alymlarynyň pikirlerine görä, Onuň diňe Öz yzyna eýerýänleri goldaýandygyny aýdýar. Mundan Onuň olara nähilidir bir duýgusynyň bardygy ýa-da adamzada söýgüsini açyp görkezmek üçin Öz janyny gurban etjekdigi gelip çykmaýar. Men Hudaýyň söýgüsiniň mesihilige görä açylyşy bilen açyk gyzyklanýan musulmanlara köp duş geldim. Adam beýik gurban edijilikli söýgini görkezmäge ukyply. Köp musulmanlar hem hut şunuň ýaly Hudaýy tanamaga, Onuň baky merhemetine we özlerine bolan söýgüsine ynamly bolmaga çalyşýarlar, Olar muňa «öz dostlary üçin janyny pida etmekden uly söýgi ýokdur» diýen sözlerini Öz teninde amala aşyran Isa Mesihde ýetip bilerler (Ýahýa 15:13). Bu biziň şaýatlygymyzdaky iň güýçli pikirdir. Hudaý-Mukaddes Ruh: Hudaý bizde Üçbirligiň üçünji Şahsyýetinde biz diňe bir Hudaýyň söýgüsini bilmän, eýsem ony başdan geçiribem görýäris. Mukaddes Ruhy kabul etmegiň zerurlygy barada Isa köp aýdýar. Ol diňe haýsydyr bir keramatly güýç däl-de, Hudaýyň Ruhudyr. Ol adamyň içinde ýerleşende bolsa, Hudaý geň galdyryjy usul bilen şol şahsyýetde ýaşaýar. Biz şonda gudratly Üçbirligiň üçünji açylyşynyň ylhamyny, ýagny Hudaýyň özümizdedigini görýäris. Täze Ähtiň ýazarlarynyň Üçbirlige kesgitleme bermäge ýa-da Ony düşündirmäge synanyşmandygy bolsa, geň galarly zat däl. Hudaýy tanamak, Onuň bizlikdigine we bizdedigine ynanmak — ine, Hudaý bilen gatnaşyklarymyzyň talaba laýyk bolmagy üçin, bilmeli zatlarymyzyň hemmesi. Ruh imanlylara Hudaýyň mukaddes kanuny boýunça ýaşamaga güýç berýär. Ol mundan başga-da, olara öz ýüreklerinde Hudaýyň bardygyny duýmaga mümkinçilik berýär. Hudaý Öz Ogluny biziň Rebbiň çagalary bolmagymyz üçin iberdi. Öz çagalary hökmünde-de, «Abba, Ata» diýip ýüzlenip bilmegimiz üçin, ýüregimize Özüniň Ruhuny goýberýär (Galat. 4:4–6). ...siz ...ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen “Abba, Ata” diýip ýüzlenýäris. Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň ozi ruhumyz bilen güwä geçýär. Riml. 8:15–16 Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr. Riml. 5:5 Şu pikiri suratlandyrýan bir mysaly getirip biljek. Är-aýal bir ýetim çagany ogullyga alma kararyna gelýärler-de, ogullyga almany resmileşdirmek üçin, hukuk taýdan etmeli işleri edýarler. Çaga entek ata-enesiniň bardygyny bilenok, ýöne täze ata-enesi gelip, ony öýüne alyp gidenden soň, oňa otag görkezip, indi şol otagyň onuňkydygyny aýdyp, yzyndanam mylaýym gujaklap ogşandan soň ol özüni yetim saýmaýar we olaryň söýgüsini duýýar. Mukaddes Ruh biziň ýüregimizde ýaşap başlandan soň, ine, näme bolýan eken. Musulmana Hudaýyň bize bolan söýgüsiniň üç ylhamyny görkezenden, Onuň Üçbirlikdigini düşündirmek iň gowy usuldyr. Söýgi diňe Hudaýyň Üçbirliginde peýda bolup bildi. Onda-da, söýgi doly hakykylygynda peýda boldy. Şu kitabyň girişinde men şaýatlyk eden wagty mesihileriň Mukaddes Kitaba salgylanmalydygyny aýdypdym. Bu maslahaty Hudaýyň Üçbirligi baradaky söhbetdeşlikde ulanmak hemme zatdan wajypdyr. Musulmanlaryň bu taglymata garşy deliller bilen özüňizi mynjyratmagyna ýol bermäň hem-de üç zat biriň içinde diýen ýaly şübheli mysallaryň kömegi bilen yza çekilmäge synanyşaýmaň. Isa ýere gelip, Ata, Ogul, Mukaddes Ruh barada açyk aýdandan soň, Hudaýyň Üçbirlikdäki Şahsyýetiniň doly açylandygyny görkezme mümkinçiliginden peýdalanyň. Hudaýyň Mesihdäki söýgüsini kämil beýan etmegiň wagty gelende, Onuň hakyky tebigaty baradaky gürrüňe geçmek mümkin. Täze Ähtiň ýazarlary Üçbirlik barada gürrüň açanlarynda, bu ýagdaýa aýratyn üns berýärler. Bizem musulmanlara şaýatlyk edenimizde şeýle etmeli. 2.6. Gurhan we Üçbirlik baradaky taglymat Musulman: Gurhan üçbirlik baradaky mesihilik taglymatyny doly ret edýär. Ol siziň pikir edişiňiz ýaly üşbirlikde bolup bilmez. Onuň kömekçileri bar diýmeklik — bu Hudaýa gaty uly dil ýetirmeklikdir. Ýerdäki we gökdäki zatlaryň hemmesi diňe Oňa şöhrat aýdýar. Musulmanlaryň arasynda bar bolan Üçbirlik taglymaty baradaky ýalan düşünjäniň esasy sebäbi — bu Gurhanyň Üçbirlige düýbünden nädogry düşünmegidir. Bu kitapda «üçbirlik» diýen söz hiç ýerde duş gelmeýär, ýöne haýsy görnüşde durandygyna garamazdan, Gurhanyň Hudaýyň üçbirlik tebigaty baradaky ynamyň garşysyna durandygy aýdyň. Gurhan hatda Hudaýyň Ata, Ogul, Mukaddes Ruh hökmündäki mesihilik taglymatynyň esasyna düşünjek hem bolmaýar. Bir wagtlar Arabystan ýarym adasynda ýaýran sektant taglymatynyň täsiri bolan bolaýmagy mümkin bolan ýoýulma-da garşy çykmaýar. Gurhandaky üçbirlik: Isa, Merýem we Alla Üçbirligiň hudaýlyk özenine — Isa, Merýem we Alla (edil şu tertipde) hökmünde düşünýän Gurhan, mesihiligiň Üçbirlik taglymatyny doly ret edýär. Bu taglymat Gurhanyň üç aýadynda köphudaýlylyk, soň hem Hudaýa dil ýetirme hökmünde gödek tankytlanylýar. Olaryň birinjisinde şeýle ýazylan: ...üç diýmäň! Saklanyň, şeýtseňiz özüňiz üçin gowy bolar. Hakykatynda Alla ýekedir. Ol çagasy bolardan ýokarda. 4-nji süre 171-nji aýat Bu ýerde agzalýan «üç» sözi Gurhan üçin adaty söz bolup, kitapda 12 gezek gaýtalanýar. Her gezekde-de «üçi» aňladýar-da, «üçbirlik» manysynda terjime edilmeýär. Alla barada üç şahsyýet hökmünde gürlemeli däldigi baradaky buýruk mesihileri öz dinini «ýoýmazlyga» çagyryş bölümine girizilipdir. Alanyň ýekeligini mesihileriň «üçhudaýlygyna» garşy goýmaklyk, Gurhanyň mesihiligiň Hudaý baradaky taglymatynyň, Hudaýyň özeniniň ýeke-täkligi barada gürrüň berýänligine düşünmeýändiginden gelip çykýär. Gurhan ýene bir aýatda, musulmanlaryň pikiriçe, mesihileriň sežde edýän üç keramatyny agzap geçýär. Bizi ikirjiňlendirýän ýeri hem şu soraga degişli bolan aýatlaryň üçüsi-de Gurhanyň şu böleginde, ýagny Muhammede soňky gelen böleginde ýerleşýär. Ähtimal, ol şonda mesihileriň Üçbirlikdäki Hudaýy barada diňe ömrüniň ahyrynda, haçanda häli Üçbirligiň nämedigi barada takyk bilmäge mümkinçiligiň bolmadyk wagty birinji gezek eşidendir. Şu soraga degişli ikinji aýatda şeýle diýýär: Alladan başga hiç hili hudaýlygyň ýok wagty: “Alla üçleriň üçünjisi” diýýänler ynanmadylar. 5-nji süre 73-nji aýat Bu ýerde-de Üçbirlige ýörite salgylanma ýa-da Gurhanyň mesihilikdäki Hudaýyň Üçbirlikdäki şahsyýetdiginden habarynyň bardygyna hatda kakdyrma-da ýok. Bu ýerde ýeke-täk Hudaý bilen üç keramatyň arasynda tapawudyň bardygy bellenilýär-de, Üçbirlik barada hiç zadam aýdylmaýar. Birneme soňrak Gurhan mesihileriň sežde edýän üçbirliginiň beýleki iki Hudaýyny kesgitleýär: Merýemiň ogly Mesih — diňe bir goýberlen adam, oňa çenli hem goýberlenler bolupdy, onuň ejesi bolsa, dogry aýal. Olaryň ikisi-de iýmit iýipdirler. 5-nji süre 75-nji aýat Delil örän düşnükli. Isa we Onuň ejesi bary-ýogy adam bolupdyrlar. Ol Allanyň goýbereni bolupdyr, ýöne Oňa çenli-de edil şunuň ýaly goýberlenler bolupdyr. Isanyň ejesi bolsa, Allanyň dogry gulundan başga hiç kimem bolmandyr. Olaryň ikisem ýaşamak üçin iýmit iýmeli bolupdyrlar. Onda olary nädip Alla bilen deň derejedäki hudaýlar hasaplap bolar? Gurhanyň üçbirlik baradaky taglymata nädogry düşünýändigi we ony Isadan, Merýemden we Alladan ybarat bolan üçbirlik hökmünde göz öňüne getirýändigi görnüp dur. Şeýle ýagdaýda Allanyň üçünji ýerde goýulmagy üns bererli zat. Mesihileriň Üçbirlik taglymatynda, Hudaý birinji ýeri eýeleýär! Gadymda Arabystanda nestorian, monofizit ýaly birnäçe sektalar bolupdyr. Olaryň Hudaý, Isa we Merýem babatda bulaşyk taglymaty bolupdyr. Emma olaryň biri-de şol üç şahsyýeti üçbirlik hökmünde görkezmändir. Indi musulmanlaryň näme üçin biziň ynamymyz müsürlileriň Osirisi, Isidany we Gory göz öňünde tutýan keramatly maşgalasyna, ýagny Ata, Enä, Ogla esaslanýar diýip çaklaýandygy düşnükli. Ähtimal, Muhammet mesihiler tarapyndan wagyz edilen Hudaýyň üçbirligi barada bilen däldir hem-de Ony butparazlyk ynamy bilen çalşandyr. Eger Hudaý hakykatdan hem Gurhanyň ýazary bolýan bolsa, onda Onuň şuňa meňzeş ýalňyşy goýberenine düşünmek gaty kyn. Hatda Rim-katolik, Protestant we Prawoslaw ybadathanalarynyň esaslanýan ýeke-täk baky Ýaradany — Ata, Ogul, Mukaddes Ruh baradaky mesihilik taglymaty hakda takmynanam bellemändigi düşnüksiz. Üçünji aýatda şeýle diýilýär: Alla şeýle diýdi: “Eý Merýemiň ogly Isa! Eýsem sen adamlara: “Meni we ejemi Alladan başga iki hudaý hökmünde kabul ediň” diýipmidiň? ” Ol şeýle diýdi: “Saňa alkyş bolsun! Men hakym ýok zady nädip aýdaýyn? Eger men şeýle diýen bolsam, Sen muny bilerdiň. Sen meniň ýüregimdäki zatlary bilýäň, men bolsa, Seniň ýüregiňdäki zatlary bilmeýän. Gizlin işleri dolandyrýan Sen ahyry”. 5-nji süre 116-njy aýat Bu bölekde-de Alladan başga iki hudaýlygyň — Isanyň we Merýemiň bardygy barada aýdylýar. Merýeme hormat goýmaklyk katolik taglymatynyň esasy düzgüni bolup durýar. Hebeşistan ybadathanasy Merýeme Hudaýyň ejesi hökmünde sežde edýär. Ýöne Merýemi nä derejede hormatlaýandygyna ýa-da beýgeldýändigine seretmezden, ýekeje ybadathana hem Üçbirlik düşünjesini hiç haçan Gurhan ýaly ýoýmady. Musulmanlar Üçbirlik taglymaty barada jedelleşenlerinde ýa-da onuň Gurhanyň hemme taraplaýyn galyba salyp düşündirýän usulyndan tapawutlanýan Hudaýyň ýeke-täkliginiň beýanydygyny ykrar etmek islemeýän ýagdaýynda, ýokarky aýatlary aşakylaryň subutnamasy hökmünde bellemek bolar. Birinjiden, Gurhan mesihilik taglymatyny ýalňyş göz öňüne getirýär. Ikinjiden, bizi üç dürli hudaýa ynanýan hasaplaýan musulmanlaryň ýalňyş pikiriniň çeşmesi hut şu bolup durýar. Hakyky mesihilik taglymatynyň Arabystanda baryp Mesihe çenli meşhur bolandygyny bilmek hem örän wajyp. Ýemen barlag geçirijisi Edward Glasser 1888-nji ýylda yslama çenli döwürdäki Hebeşistan hökümdarlygyna garşy gozgalaň baradaky eserinde biziň eramyzyň 542-nji ýylyna degişli bolan ýazgyny tapandygyny aýdýar. Ol Muhammet dogulmazyndan 208 ýyl öň ýazylypdyr. Onda şeýle diýilýär: «Merhemetliniň, Mesihiň we Mukaddes Ruhuň (ygtyýarynda)». Şeýlelikde, mesihilik Üçbirliginiň tebigaty Gurhan yazylmazyndan köp wagt öň meşhur bolupdyr. Bu kitabyň Üçbirlik baradaky düýbünden nädogry berýän pikirini bolsa, yslamyň pygamberiniň mesihilik taglymatyny bilmeýändigine degişli etmek mümkin. 3. ISA DIRI HUDAÝYŇ OGLY ISA MESIHIŇ MUKADDES KITAPDAKY HUDAÝLYK TEBIGATY 3.1. Isanyň hudaýlygyna Gurhan tarapyndan görkezilýän garşylyk Musulman: Gurhan Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna doly garşy çykýar. Ol hem diňe bir Özünden öň ýaşap we welilik edip geçen pygamberler ýaly bir pygamber. Eger Isa Hudaýyň Ogly bolýan bolsa, onda Hudaýyň aýaly kim? Siz Alla erbet dil ýetirýärsiňiz. Isa Mesih hemmeleri günälerinden halas edip, olary göge alyp baryp biljek Hudaýyň Ogludyr. Bu mesihileriň taglymatynyň özenidir. Musulmanlar üçin bolsa, bu hudaýsyzlygy aňlatmanyň çür depesi, olary jennetden daşlaşdyrýan zatdan hem uly bir zat bolup durýar. Muňa düşünmek diýseň wajyp. Isa Mesihiň şahsyýetine garaýyşda mesihileriň we musulmanlaryň pikirleriniň gabat gelmezligi mesihilik bilen yslamyň arasyndaky tapawudy kesgitleýän ýagdaýlaryň biridir. Musulmanlara Mesihe ýüzlenmäge päsgel berýän büdreme daşy — bu Gurhanyň Onuň hudaýlyk tebigityna çürt-kesik garşy çykýanlygydyr. Allanyň aýalam ýok, oglam Öňki bapda biz Gurhanyň Üçbirligi Alladan, Merýemden we Isadan ybarat bolan maşgala görnüşünde suratlandyrýandygyny gördük. Isanyň Hudaýyň Ogly baradaky mesele boýunça Gurhanyň pikiri şeýle: Eger Allanyň ogly bar bolýan bolsa, onda Onuň aýalam bolaýmaly. Muhammet «ogul» sözüne çäklendirilen adam manysynda düşünen bolmaly. Gurhan şeyle diýýär: Yeri-gögi Ýaradyjy! Aýaly bolmadyk ýerine Onuň jorasy nireden bolsun... 6-njy süre 101-nji aýat Ol — goý, biziň Rebbimiziň mertebesi arşa galdyrylsyn! — Özüne aýalam, çaga-da almady. 72-nji süre 3-nji aýat Görnüşine görä, Muhammet bu taglymata beden manysyny berip, oňa nädogry düşünipdir hem-de musulmanlaryň bilmesi zerur bolan zadyny, ýagny ata we ogluň ýakynlygyna meňzeş bolan Hudaý bilen Mesihiň arasyndaky ruhy ýakynlygy görmändir. Bu yakynlyk üç ýörelge bilen kesgitlenilýär. 1. Umumy tebigat. Edil ýerdäki ata we ogluň şol bir tebigatly bolşy ýaly, gökdäki Ata we Ogluň hem umumy bir — hudaýlyk tebigaty bar. Taryhyň belli bir pursatynda Ogul adam keşbini alyp, Isa Mesihe öwrüldi. Ata hiç haçanam «Özüne Ogul almady» — Olar bakylykdan şeýlediler, şeýleligine-de galarlar. 2. Atanyň ygtyýary. Edil yerdäki ata-ogluň adamlyk tebigatynyň birdigine seretmezden, ogluň öz atasyna boýun bolşy ýaly, gökdäki Atanyň hem Ogla ygtyýary bar. Ine, Isa ýerde bolan wagty yerdäki ogluň bilelikdäki işlerinde öz atasyna boýun bolşy ýaly, öz Atasy bilen hojaýyn we gul gatnaşyklarynyň bolmagyna ýol berdi. 3. Atanyň Ogla bolan söýgüsi. Ogla ygtyýarynyň bardygyna seretmezden, ata islendik gula garanda, ogly bilen yakyn ysnyşygy duýýar. Ahyrynda bolsa, özünde bar bolan zatlaryň hemmesini ogluna berýär. Hudaýyň Ogly Atasyndan göreninden başga hiç zady etmeýär (Ýahýa 5:19). Ata Ogly söýýär (Ýahýa 5:20) hem-de hemmeleriň Atany hormatlaýşy ýaly Ogly hem hormatlamagy üçin (Ýahýa 5:22–23), günleriň birinde hökümdarlygy Oňa bermek üçin Oňa Özüniň ähli maksatlaryny açar. Mukaddes Kitap Isa Hudaýyň Ogly diýmek bilen, ine, nämäni göz öňünde tutýan eken. Bu ýakynlygyň meselesine ruhy, baky manyda seretmek gerek. Bu Gurhanyň çaklaýşy ýaly düýbünden tendäki, yerdäki ýakynlyk däl. Yslamdaky geçilmejek iň uly günä Muhammet Isanyň Hudaýyň Ogly hökmündedigine bolan ynamy araplaryň butparazlyk ynamy ýaly bir zat öýden bolmaly. Sebäbi olaryň al-Lat, al-Uzza, Manat ýaly «Allanyň gyzlary» bolan köp butlary bolupdyr. Butparazlyk yslamyň pygamberi üçin Hudaýa dil ýetirmeklik, Allanyň şöhratyny kemsitmeklik bolupdyr. Pygamberiň ýalňyşmagyna ýaşaýan şertleriniň sebäp bolan bolmagy mümkin. Araplaryň ynanýan zatlary bilen iş salşanda, Muhammet olaryň ynamlarynyň gapma-garşylykly tebigatyny tankytlaýar. Olar gyzyň dogulmagyny lapykeçlik we masgaraçylyk üçin esas hasaplaýarlar (16-njy süre 58–59-njy aýatlar). Onda olar nädip Alla olara ogullary berýär-de, gyzlary özüne alýar diýip pikir edip bilýärkäler (43-nji süre 16-njy aýat)?! Mesihilik ynamy babatda aýtsak, pygamber diňe Isanyň Hudaýyň Ogludygyna çürt-kesik garşy çykmak bilen kanagatlanmandyr. Muny aşaky aýatlarda aýan edipdir: Mesihiler: “Mesih — Allanyň Ogly” diýdiler. Olaryň agzyndaky bu sözleri ynanmadyk wagtyndaky sözlerine meňzeýär. Goý Alla olary heläk etsin! Olar nähili ýigrenji! 9-njy süre 30-njy aýat Olar: “Alla Özüne çaga aldy” diýdiler. Oňa öwgi bolsun! Ol baýdyr! Ýerdäki we gökdäki zatlaryň hemmesi Onuňkydyr. Siziň bu zatlara hiç hili ygtyýaryňyz ýokdur! Siz Alla barada bilmeýän zadyňyzy aýdýarmysyňyz? 10-njy süre 68-njy aýat Bu örän çynlakaý paş etme bolupdy. Muhammediň pikiriçe, Hudaýyň Ogly bar diýmek — Onuň şöhratyny masgaralamak bolupdyr. Emma Mukaddes Kitaba laýyklykda, Öz Ogluny ölüme bermegi Hudaýyň merhemetiniň, mähriniň we rehimdarlygynyň açylyşydyr – Onuň şöhratynyň subutnamasydyr! Musulmanlara şaýatlyk edende, bu beýik hakykaty bellemek zerurdyr, sebäbi olar Hudaýyň şöhratyny hemme zatdan beýik tutmagyň zerurdygyna düşünýärler. Iň erbet yeri-de, Gurhan Isanyň hudaýlyk tebigtyna garşy çykyp, Onuň bu tebigatyny Allanyň kömekçiliri bar diýmekde aýyplap, yslamdaky iň uly günä bilen deňeýär. Bu bolsa Gurhana laýyklykda, bagyşlanmajak yeke-täk günä bolup (4-nji süre 48-nji aýat), musulmany janna al-Firdausdan (jennetiň baglaryndan) hemişelik mahrum edýär. Resul Ýahýa öz döwründäki mesihilere Hudaýyň Ogluna ynansalar, baky durmuşa eýe boljakdyklaryny ýazýar (1 Ýahýa 5:13). Ol öz Hoş Habarynda bolsa, Mesihe ynanýanyň höküm edilmeýändigini, ynanmaýanyň bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýändigi üçin eýýäm höküm edilendigini ýazýar (Ýahýa 3:18). Mesihiler üçin göklere barýan yekeje ýol — musulmanlar üçin düýpsüzlige barýan ýoldur. Allanyň kömekçileriniň yokdugy üçin Onuň oglunyň hem ýokdugyny Çurhan tassyklaýar. Gurhanyň bir ýerinde ogul edinmegiň Alla üçin mümkin däl bolan bir zat däl-de, eýsem Oňa ýaraşmaýan işdigi aýdylýar (19-njy süre 35-nji aýat). Megerem şu yerde mesele Gurhanyň diňe Allany şöhratlandyrýandygynda jemlenendir. Bu ýerde-de mesihileriň öňünde şaýatlyk etmek üçin ajaýyp mümkinçilik açylýar. Isa Mesih Hudaýyň şöhratyny mümkin bolan ýeke-täk usul bilen görkezdi. Bolmasa adam hiç haçan ol şöhraty bilmezdi. 1. Hudaýyň söýgüsiniň dünýä aýan bolşy. Bu soraga biz eýýäm birinji bapda seredip geçipdik. Yslamda Özüniň iň gymmat zadyny — Ogluny biziň halas bolmagymyz üçin ölüme berip, Hudýyň Öz söýgüsini açyşyna meňzeş mysal ýok. Eger Ol bize şunça köp zat bermäge taýýar bolýan bolsa, onda Onuň ahyrynda hemme zady-da sowgat berjegine ynanyp bileris (Riml. 8:32). 2. Hudaýyň Ruhunyň görkezen kiçigöwünlilik göreldesi. Tekepbirligiň nejis häsiýetdigini musulmanlar boýun alýarlar. Eger Hudaý Öz şöhratynyň saklanmagy üçin şeýle aladalanýan bolsa, ony şu wagta çenli ýaradan zatlaryndan yokary tutýan bolsa (Guhanyň öwredişine görä), onda Ol hemme zady Öz ýaradanlarynyň üstünden höküm sürmek üçin ýaratmady diýip, kim aýdyp biler? Hudaýyň Ogly ýere gelende, biz Hudaýyň geň galdyryjy kiçigöwünlidigini gördük. Hukugy boýunça Hudaý häsiýeti bolsa-da, Ogul Özüniň Atasy bilen deňligine buýsanmady-da, adam bolup we gul sypatyna girip, Özüni hiç etdi. Munuň üstesine-de Ol eden zatlary bilen çäklenip oturmady-da, Özüni has hem kiçeldip, ölüme çenli, hatda haç üstündäki şeýle masgaraçylykly ölüme çenli hem kiçigöwünliligine galdy (Filip. 2:6–8). Mukaddes Kitap «ähli tekepbirligiň, gopbamsylygyň we öwüp arşa çykarmalaryň» (Işaýa 2:12) üstüne geljek Rebbiň gününiň, Rebbiň «gynanç we kiçigöwünlilik ruhunda» (Işaýa 57:15) geljekdigi barada düşnükli aýdýar. Hudaýyň şöhratynyň bu tarapyny diňe Hudaýyň Oglunyň üsti bilen bilmek bolar. Isa Mesih Hudaýyň Ogly. Biz öz ynamymyzy musulman dünýäsiniň öňünde aklajak bolmaly däl-de, oňa şöhratly Hoş Habary yglan etmeli. Musulmanlar Mesihiň hudaýlyk tebigaty barada söz açanlarynda, olaryň delillerini hemişe Hudaýyň Isa Mesihde açan beýik söýgüsine şaýatlyk etmek üçin ulanmaga çalşyň. 3.2. Hudaýyň Ogly — bu meňzetmemi? Musulman: Eger Isa Özüne Hudaýyň Ogly diýýän bolsa, onda bu meňzetmedir. Biziň hemmämizem Hudaýyň çagalary. Mukaddes Kitap hem hemme imanlylary «Hudaýyň çagalary» diýip atlandyrýar. Isa Hudaýyň baky Ogly diýmek bilen siz hetden aşýarsyňyz. Bu musulmanlaryň arasynda giň ýaýran delildir. Ulfa Aziz as-Samadyň aýdyşyna görä, Isa hem beýleki imanly adamlaryň Hudaýyň çagasy bolşy ýaly manysynda Hudaýyň Ogly diýmek bolar. Bu pikiriň subutnamasy hökmünde musulmanlar Mukaddes Ýazgylardan mysallar getirýärler. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň çagalary» diýen jümläniň ulanylyşy Musulmanlar köplenç öz delillerini aşaky aýatlaryň üstünde gurýarlar. Isa olara berip diýdi: “Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz” diýip, siziň kanunlaryňyzda ýazylgy dälmi näme? Mukaddes Kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyrýan bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn. Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz? Ýahýa 10:34–36 Hemme imanlylaryň Hudaýyň ogullarydygy barada aýdylan ýeri bolan Mezmur 82:6-ny tutaryk edinip, musulmanlar Isanyň Özi barada aýdanda, şolaryň biri ýalydygyny göz öňünde tutandygyny nygtaýarlar. Şu ýerde haýsy manyda bolanda-da, Isanyň Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrandygyny musulmanlaryň ykrar etmegi zerur. Musulmanlar Isanyň Özüni Ogul diýip, meňzediji manyda yglan edýändigini aýdanlarynda, mesihiler olar bilen şertleşmeli — haýsy manydadygynyň ähmiýeti ýok, ýöne Mesihiň Özüne Hudaýyň Ogly diýendigi bilen ylalaşýarlar dälmi? Munsyz olaryň delilleri islendik manydan mahrumdyr. Soň gürrüňi hakyky manysynda, ýagny Isanyň şol sözi ulanan manysynda jemlemek bolar. Mukaddes Kitabyň gürrüň berşine görä, Hudaý Süleýman barada aýdanda: «Men onuň Atasy, ol hem Meniň oglum bolar» (Ýyl Ýazgylarynyň 1-nji kitaby 17:13) diýýär. Şeýle hem Ol Adam atany-da «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrýar (Luka 3:38). Hudaýyň Ruhy bilen ideklenýän mesihileriň hemmesi «Hudaýyň ogullarydyr» (Riml. 8: 14). Şuňa meňzeş jümleler Ýazgynyň başga ýerlerinde-de ulanylýar. Ahmat Didadyň ýygy-ýygydan gaýtalaýşy ýaly, «Mukaddes Kitaba laýyklykda, Hudaýyň köp ogly bar». Musulmanlar tarapyndan berilýän sorag şeýle: «Näme üçin Isa Mesih beýleki ogullardan tapawutlanyp, baky we hemmetaraplaýyn bolmalymyş?» Bu soraga jogap bermezden öň bir zady bellemeli. Musulmanlar «biziň hemmämiz Hudaýyň çagalary» diýenlerinde, «Allanyň oglam ýok, gyzam» (6-njy süre 100-nji aýat) diýip ynamly aýdýan Gurhanyň garşysyna çykyş edýärler. Diňe biziň Mukaddes Kitabymyzda Hudaýyň çagalary bolma we Hudaýy öz Atamyz hökmüde tanama mümkinçiligi peýda bolýar. Munuň şeýle bolmagynyň ýeke-täk sebäbi, Hudaýyň Ogly Isa Mesih biziň halas bolmagymyz üçin Öz janyny gurban etdi. Isa Hudaýyň baky Ogly Musulmanlara şaýatlyk edýän mesihiler hiç bolmanda, Özüniň Hudaýyň Ogludygy barada Isanyň ýekeje manyda aýdandygyna birnäçe esasy subutnamalary bilmelidir. Mysal üçin, Isany tutan gijeleri Ony maslahatyň öňüne getirenlerinde, Oňa garşy hiç hili tutaryk tapyp bilmediler. Şonda baş ruhany Kaýafa ýerinden turup, Isadan: «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmisiň?» diýip, göni soraýar. Şonda Ol takyk jogap berip: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz!» diýýär (Mar.14:61–62). Baş ruhany Isany Hudaýa dil ýetirmekde aýyplap, öz egin-eşigini ýyrtýar. Ol şonda: «Hudaýyň ogullarynyň biri Senmisiň?» diýip soramady. Eger sorag şunuň ýaly berlen bolsa, onda jogap Hudaýa dil ýetirmekde aýyplanma alyp barmazdy. Bu soragyň nähili soragdygyna şol ýerde oturanlaryň her biri-de düşünýärdi. Mesih Özüni Hudaýyň ýeke-täk Ogly, Mübärek Hudaýyuň baky Ogly diýip yglan etdimi? Isanyň jogabyna düşünmezlik asla mümkin däl — hawa, Ol yglan etdi! Mesihiň Özüni Hudaýyň ýeke-täk we baky Ogly diýip yglan etmegine baş ruhanynyň näme üçin ynanmandygyny açyk düşündirýän birnäçe aýatlar bar. ...Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. Matta 11:27 Hemmeleriň Ogla hem edil Ata hormat goýşy ýaly hormat goýmaklary üçin Atanyň Ogluna ähli hökümi berendigini Isa aýdýar (Ýahýa 5:22–23). Hudaýyň Ogludygy baradaky şunuň ýaly sözi meňzediş we çäklendirilen manyda aýtmagyň mümkindigine düşünip bolmaýar. Mundan başga-da, iki ýagdaýy ýatlamak örän peýdaly bolar. Birinjisi, Hudaýyň gökden: «Bu Meniň söýgüli Oglumdyr. Men Ondan köp razydyryn» diýip gelen sesi (Matta 3:17, 17:5). Men hut Isa baradaky tymsaldan, Onuň ýöne bir Özünden öň gelen pygamberler ýaly bir pygamber däl-de, Hudaýyň ýeke-täk Ogludygynyň subutnamasyny tapdym. Bu üzümçilik we bagbanlar hem-de üzümçiligiň eýesi baradaky tymsal (Matta 21:33–44; Markus 12:1–12; Luka 20:9–18). Üzümçiligiň eýesi hasyl wagty golaýlanda, miwesini almak üçin hyzmatkärlerini bagbanlaryň ýanyna iberýär. Emma olaryň biri tutulyp, biri ýenjilip, üçünjisi bolsa öldürilip goýberilýär. Üzümçiligiň eýesi hasyl ýygnamak üçin köpräk hyzmatkär iberýär. Bagbanlar olaryňam başyna öňküleriň gününi salýarlar. Tymsal öz ýokary çägine aşaky aýatlarda ýetýär: Üzümçiligiň eýesiniň ýene bir adamy bar eken, ol-da özüniň söýýän ýekeje ogly eken. “Oglumy sylarlar” diýip, bagbanlara iň soňy ogluny iberýär. Emma bagbanlar biri-birlerine: “Mirasdar şu, geliň şuny öldüreliň, miras bize galar” diýişýärler. Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşaryk taşlaýarlar. Markus 12:6–8 Tymsalyň manysy düşnükli — Hudaý köp hyzmatkärlerini, ýagny pygamberleri Öz halkyna goýberdi. Emma Öz halky pygamberlere elinden gelen ýamanlygyny edip, olary ret etdi. Petrusyň aýdyşy ýaly: «Pygamberleriň haýsysyna atalaryňyz azar bermedi?» (Res.iş. 7:52). Ahyrynda Ol Özüniň söýgüli Ogluny, Isa Mesihi iberdi. Hudaý Ony-da öldürjeklerini öňünden bilýärdi. Gadymky pygamberleriň diňe Hudaýyň hyzmatkärleri hökmünde, soňky Goýberilene, Hudaýyň söýgüli, ýeke-täk Ogluna garşy goýulmagy ýöne ýerden däl. Tymsalyň bar manysy şunda jemlenýär. 3.3. Mukaddes Kitap Isanyň güýjüniň we akyl ýetirişiniň çäkliligi barada Musulman: Eger Isa Hudaýyň baky Ogly bolýan bolsa, onda Ol näme üçin Atasy barada güýçde, ygtyýarda we akyl ýetirişde Özünden üstün bolan bir şahsyýet hökmünde köp aýdýar? Eger Isanyň hudaýlyk tebigaty bolýan bolsa, onda Ol hem edil Atasy ýaly güýçli we ygtyýarly bolardy. Musulmanlara Hoş habary wagyz etmek bilen meşgullanýan mesihileriň az sanlysy musulmanlaryň öňe sürýän, özüne çekiji delillerine gabat gelip görendirler. Şol delil şeýle: Isanyň köp sözleriniň şaýatlyk etmegine görä, güýçde we düşünjede çäkli bolandygy üçin Isa Hudaýyň baky Ogly bolup bilmeýär. Bu nukdaý-nazara subutnama hökmünde musulmanlar köplenç Mukaddes Kitabyň üç aýadyny getirýärler. Şol aýatlar olaryň pikiriçe Isanyň ygtyýarynyň we derejesiniň çäklidigine şaýatlyk edýän ýaly bolup görünýär. Biz tertip boýunça şolaryň üçüsine-de seredip geçeris. Her gezekde-de musulmanlaryň soraglaryna ýerlikli jogap berip, Isanyň şöhratyna şaýatlyk ederis. 1. Isa mälim bolmadyk Hudaýyň bellän wakalary. Eger Isa Hudaýyň Ogly hökmünde Üçbirligiň ikinji Şahsyýeti bolýan bolsa, onda Ol hemme zady bilmeli diýip, musulmanlar pikir edýärler. Eger Hudaý hemme zady dolandyrýan bolsa, onda Isa-da hemme zady bilmelidir öýdýärlär. Aşakdaky aýat bu tassyklamany ýalana çykarýar. Emma ol güni hem sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de bilýän däldir, diňe Ata bilýändir. Matta 24:36 Eger Hudaý magşar gününiň haçan boljagyny takyk bilmeýän bolsa, onda Ol nädip hemme zatda baş orunda bolup biler? Bu yagdaýda Isanyň Özüni agzalyp geçilen Şahsyýetleriň arasynda haýsy ýerde goýýandygyna düşünmek wajyp. Ol güni we sagady ne adam, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýär, ony diňe Ata bilýär. Isa Özüni hemme adamlardan we perişdelerden beýik tutýar hem-de Özüne ýäkyn gatnaşygy aňladýan sözler bilen — Hudaýyň Ogly diýip kesgitleme berip, Özüni diňe Reb bilen baglanyşdyrýar. Şu aýatdan diňe şeýle netijä gelmek bolar: Ata bar bolan hemme zadyň baky çeşmesi. Oňa Ogulam, Ruham tabyndyr. Diňe Ol takyk wagtyny hiç kime aýan etmezden soňky güni belläp bilýär. Ogla dahylly bolan çäklendirilme, Onuň hudaýlyk tebigatynyň manysyny bozmaýar-da, diňe aýratyn düşündirmäniň gerekdigini görkezýär. 2. Isanyň Atasyz bir zat edip bilmäge ukypsyzlygy. Edil ýokarky aýadyň Isany baş orunda görkezmeýşi ýaly, aşakdaky aýat hem Onuň gudraty güýçlüdigini ret edýän ýaly bolup görünýär: Ogul Özünden hiç zat edip bilmez, çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir... Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin... çünki Men Öz islegimi däl-de... Ýahýa 5:19, 30 Bu ýerde diňe şu aýadyň manysyna seretmek gerek (ol ýerde Isanyň Öz başyna güýçsüz ýaly bolup görünmegi mümkin). Bu ýerde-de açyk görnüşine görä, Isanyň hudaýlyk tebigatyna garşylyga däl-de, Onuň Atasy bilen aragatnaşygynyň düşündirilmä mätäçligine gabat gelýäris. Birinji aýadyň dowamynda şeýle diýilýär: «Çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir». Bu-da Onuň Atasyna tabynlygyny görkezýän zatdyr. Atasynyň edýänlerini etmek üçin hakyky güýji görkezmeli wagty gelende, Isa Atasy bilen deň derejeli güýje eýedigini görkezýär — bu bolsa Onuň hudaýlyk tebigatynyň aýdyň şaýatlygydyr. Şeýle hem Ol diňe Atasynyň edýänlerini edýändigini aýdýar. Bu bolsa, ikiniň bir şahsyýetde utgaşan ýagdaýynda bolaýmaly häsiýetdir. 3. Atanyň üstün bolan beýikligi barada Isanyň aýdany. Subutnama üçin adatça ulanylýan üçünji aýatda Mesihiň şahsy şaýatlygyna görä, Ata Hudaý Onuň öňünde çäklendirmeler goýdy: Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir. Ýahýa 14:28 Musulmanlar bu aýady Isanyň adamlyk tebigatynyň subutnamasy hökmünde ulanýarlar. Sebäbi Isanyň ykrar etmesinde olar Hudaýyň adamdan artykmaçlygynyň beýikdigini görýärlär. Bu bolsa, islendik pygamberden garaşylýan sözlerdir. Ýöne ýekeje pygamberem şeýle sözleri aýtmady! Eger adaty adam şeýle sözleri aýdýan bolsa, onda ol Hudaýa dil ýetirerdi. Hatda bu ýerde ygtyýarlygyň birnäçe çäklendirilmeleriniň bardygy boýun alynsa-da, özüniň beýikligi baradaky sözleri adamda sandyrama döredýär. Mesihiň şägirtlerine Atanyň Özünden beýikdigini aýdyp berýän habarynda, Özüniňem beýikdigini ýokarda goýýandygyny görkezýär. Mesih Özüni diňe Ata bilen deňeşdirip, Özüne hudaýlyk derejede baha berýär. Onuň üçin çäklendirilmeler diňe Hudaýyň Ogly hökmünde bolup biler. «Isanyň Hudaýdygyna biz ynanýarys» diýmek bilen mesihiler duzaga köp düşýärler. Muňa jogap edip, musulmanlaryň: «Eger Isa siziň Hudaýyňyz bolsa, onda Ol haçanam bolsa, bir wagt sizi taşlarmy?» diýip, sorag bermegi mümkin. Mesihiler bu soraga dabaraly: «Hiç haçan! Ol: “Seni hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn” diýip, wada berdi» (Ýewr.13:5) diýip jogap berýärler. Musulmanlar şol pursadyň özünde olary sözünde tutjak bolup: «Isanyň sizi taşlamajakdygy gowy zat, ýöne gynansak-da Ata Onuň Özüni taşladyda: “Hudaýym! Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň? ” (Matta 27:46). Siz özüňiziň gowy Isaňyza dileg edýärsiňiz, Ol bolsa Öz Hudaýyna dileg etdi, ýöne gaty bir şowly dileg edip bilmedi. Siz biziň Oňa ynanmagymyza nädip garaşyp bilýärsiňiz?» diýýärler. Musulmanlara şaýatlyk edenlerinde mesihiler seresap bolmasalar ýa-da diňe labyzly düşündirilendigi üçin ynandyryjy bolup eşidilýän sözleri batyrgaý aýdanlarynda, ine, näme bolýan eken. Isa Hudaýyň Ogly — Onuň derejesinde birnäçe çäklendirilmeleriň bardygy göz öňüne getirilýän ýagdaý. Mukaddes Kitapdaky Mesih baradaky taglymatyň özeni şundan ybarat! Ogul Üçbirlikdäki şahsyýetleriň biri bolsa-da, Ol Atanyň hökümdarlygyna boýun bolýar hem-de ýerde adam keşbinde bolan wagty, Öz Atasy bilen arasynda gul we hojaýyn gatnaşyklarynyň bolmagyna doly ýol berýär. Ogul-Ata gatnaşyklary Adam-Hudaý gatnaşyklary hökmünde peýda bolup başlady. Bu beýik Şahsyýetde adamlar Hudaýy tanap bilerler, sebäbi Ogly gören Atany-da görendir (Ýahýa 14:9). Biz Isany özümize meňzeş, ýagdaýymyza düşünip bilýän, galyberse-de, Hudaýyň ogullary we gyzlary hökmünde bizi bakylyga alyp barjak adam hökmünde hem tanaýarys. Bu zatlaryň sebäbi hem hut Onuň Öz tebigaty boýunça Hudaýyň Ogludygyndadyr. Muňa gowy düşündigimizçe Hudaýyň Isa Mesihdäki şöhraty bize giňişleýin açylýar. Musulmanlara şaýatlyk edenimizde ünsi şu hakykatda jemlemeli: «...Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy...» (2 Korint. 5:19). 3.4. Isanyň günäsizliginiň yeke-täkligi Musulman: Isa Allanyň beýleki goýberenlerinden näme bilen tapawutlanýar? Olaryň hemmesi-de öz işlerine wepalydylar hem-de diňe Allanyň buýruk beren zatlaryny öz halkyna öwredýärdiler. Gurhan Isa bilen beýleki pygamberleriň arasynda tapawut goýmaýar. Mesihilik ynamynyň düýp taglymatlarynyň biri-de, Isanyň günäsizligi baradaky taglymatdyr. Atanyň baky Ogly bolsa-da, Isanyň hiç hili aýby ýokdy. Eden işlerinde we aýdan sözlerinde günäsi ýokdy. Ol Hudaýyň dogrulygynyň kämil nusgasyny görkezdi. Eger Ol beýleki adamlar (şol sanda pygamberler) ýaly günäli bolan bolsa, biziň günälerimiz üçin töleg bolup bilmezdi. Käbir yslam çeşmeleri muny takyk tassyklaýarlar. Bu biziň Hudaýyň Ogly hökmünde Isa Mesih baradaky şaýatlygymyzyň aýgytly pursadydyr. Gurhanda we hadyslarda Isanyň günäsizligi Ejesiniň göwresinde Isanyň günäsizlikde peýda bolandygy Gurhanda iki gezek tassyklanylýar (3-nji süre 41–48-nji aýatlar, 19-njy süre 16–34-nji aýatlar). Ikinji bölege laýyklykda, Onuň ejesi Merýem Hudaýyň goýberen perişdesini görende we perişde onuň göwreli bolup, Halasgäri dünýä inderjegini aýdanda, aňk bolýar. Perişde oňa şeýle diýýär: ...men saňa päk oglanjyk sowgat bermek üçin seniň Rebbiňiň goybereni. 19-nji süre 19-njy aýat Şu aýtdaky «päk» alamaty «zakiýa» sözi bilen aňladylýar. Onuň düýp sözi «päklik» (edil «şapak» sözündäki ýaly — musulmança päk ýürekliligi aňladýar) manysyny berýär. Şu ýerde ulanylan sözi «günäsiz» diýip hem terjime edip bolýar. Ol edil şunuň ýaly many bilen Gurhanyň başga ýerinde-de ulanylýar. Bu musulman rowaýatlarynyň habar berşine görä, Musanyň bir ýaş ýigit al-hidr (Hydyr) bilen syýahata ugran taryhydyr (Al-hidr dürli wagtlarda pygamberlere we musulaman mugallymlaryna görünýän hyýaly keşp). Al-hidr birden, hiç bir sebäpsiz bir oglanjygy öldürende, Musa oňa ýüzlenip, şeýle diýýär: ...sen gan alma aryň bolmasa-da, bigünä jana kast edýäňmi? 18-nji süre 74-nji aýat Al-hidr oňa düşünmeýän zadyna sesini çykarmazlygyny tabşyrýar. Bu ýerde-de «bigünä» manysyny aňlatmak üçin «zakiýa» sözi ulanylýar. Şu aýatda ölüme laýyk günä etmedik adamyň günäsizligi göz öňünde tutulýar. Ýöne Isa barada aýdanda bolsa, ol Onuň şahsyýetiniň we tebigatynyň umumy häsiýetnamasy hökmünde ulanylýar. Bu söz bigünäligi aňladyp, Isany Gurhanda Hudaýyň ýeke-täk Goýberenidigini görkezýär. Eýýäm görşümiz ýaly, Gurhan Mukaddes Kitabyň beýleki pygamberleriniň günälidigi we ejizdigi baradaky taglymatyny tassyklaýar. Adaty musulman edebiýatynyň beýik eserleriniň birinde Gurhanyň Isanyň günäsizligi baradaky taglymaty ajaýyp bir tymsal bilen tassyklanylýar: Pygamber şeýle diýdi: “Merýem we onuň oglundan başga ýekeje çaga-da şeýtanlar üçin el degrilmesiz bolup dogulmaýar, çaga şondan soň gygyryp başlaýar, sebäbi oňa şeýtan el degirdi”. as-Sahih al-Buhari, 6 t. 54 sah. Şu yerde Muhammet Isany doglan wagty şeýtanyň degenini duýan beýleki pygamberlerden açyk aýryp tapawutlandyrýar. Gurhandan we hadyslardan alnan bu bölejikler mesihilere öz Halasgärleriniň ajaýyp kämilligi barada uly ynandyryjylyk bilen şaýatlyk etmäge kömek edýändigini bilmek gerek. Mukaddes Kitapda Isanyň günäsizligi Mukaddes Kitapda Isanyň günäsizligine şaýatlyk edýän aýatlar köp. Şonda-da iň ähmiýetlisini we iň täsirlisini bilmek ýeterlikdir. Olaryň birinjisi: Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi. 2 Korint. 5:21 Täze Äht geň galdyryjy hakykata salgylanyp, biziň günäliligimizi Isanyň mukaddesligine köp garşy goýýar. Özüniň dogrulygyny paýlaşyp bilerimiz ýaly, Mesih biziň günälerimizi Öz üstüne aldy. Günäniň adamy Hudaýdan daşlaşdyrmaýandygy we onuň Halasgäriň kömegini talap etmeýändigi baradaky yslam taglymatyna garşy bolan mesihilik Hoş Habarynyň özeni we ýüregi şeýledir. Şu kadany örän aýdyň beýan edýän başga bir aýat: Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz. 1 Petr. 2:24 Isanyň günäsizligini göni yglan edýän ýene iki aýat bar: Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr. Ýewr. 4:15 Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz. Onda günä ýokdur. 1 Ýahýa 3:5 Yslam Isanyň ýeke-täk däldigini Muhammediň hem günäsiz pygamber bolup, onuň köp mugjyzalar görkezendigi bilen subut etmäge dyrjaşýar. Emma Gurhanda bularyň hijisem tassyklanylmaýar, üstesine-de Gurhan munuň garşysyna şaýatlyk edýär (47-nji süre 19-njy aýat, 17-nji süre 90–93-nji aýatlar). Bu taglymat bolsa, Muhammediň hiç bolmanda Isa bilen deň derejelidigini subut etmek isleýän musulmanlaryň islegi boýunça meşhur boldy. Perişdäniň Merýemiň günäsiz Ogul dogurjakdygy baradaky habaryna asyl manysynda seretmek gerek. Merýem erkek bilen gatnaşyk etmezden göwreli boldy. Näme üçin? Perişdäniň jogaby şeýle: «Sen üýtgeşik ýol bilen göwreli bolduň, sebäbi bu çagada üýtgeşik bir zat bar. Ol Hudaýyň mukaddes Ogly. Ol günäsiz hem baky bolany üçin ýönekeý ýol bilen göwrede galyp bilmez». Mesihilik ynamy päk göwrelilige we Isanyň bütinleý günäsizligine örän aýdyň düşündiriş berýär. Yslam özüniň Isany adaty pygamberiň derejesine düşürmek islegi bilen, ýöne bir Alla emrini şeýle beýan etdi diýmekden başga, Isanyň göze dürtülip duran päkligini düşündirmäge başga usul teklip edip bilmeýär. 3.5. Isanyň hudaýlyk tebigaty baradaky Köne Ähtiň welilikleri Musulman: Ybraýym, Musa, Dawut dagy hem beýik pygamberler bolupdyrlar. Olaryňam Isadan hiç hili tapawudy ýok. Biz musulmanlar hem edil ýehudylar ýaly, Hudaýyň Ogly bar ýa-da adam bir wagtyň özünde Hudaý hem bolup bilýär diýen pikire ýol berip bilmeris. Sizde mesihiligiň bu pikirini subut edýän nähili subutnamalar bar? Musulmanlaryň bu pikiriniň tersine Mesihden öňki pygamberleriň beýik Mesihiň geljegini bilendigini, olaryň Onuň Öz beýikligi bilen Hudaýyň beýleki pygamberlerinden ýokary boljagyny öwredendigini tassyklaýan köp şaýatlyklar bar. Isa we Ondan öňki ýaşap geçen pygamberler Isa Özünden öň gelen meşhur pygamberler barada köp aýtdy, olaryň Özüniň geljegini öňünden görendigini we Onuň özlerinden beýik boljagyny bilendigini tassyklady. 1. Ybraýym Hudaýyň gününi öňünden gördi. Ýehudy serdarlary Isa bilen jedelleşende, özleriniň beýik nesilbaşy Ybraýymdan çykandygyna, onuň özleriniň atasydygyna esasy ünsi berýärler (Ýahýa 8:33, 39). Isa Öz sözüni ýerine ýetiren her bir adamyň ölümi görmejekdigini aýdanda, olar şeýle jogap berdiler: Sen Atamyz Ybraýymdan ulumysyň? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň? Ýahýa 8:53 Bu aýat musulmanlaryň arasynda Hoş Habary wagyz ediş manysynda örän zerurdyr. Musulmanlaryň pikiriçe, Isa beýleki pygamberlerden ýokary däl. Emma ýehudylaryň öz sözlerine salgylansak, Isa Özüniň olardan beýikdigini yglan edýän ýaly bolup görünýär. Isa ýehudylara näme jogap berdi? Ol şeýle diýdi: Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy... <...> Hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn. Ýahýa 8:56, 58 Isa Özüniň Ybraýymdan has beýikdigini açyk düşündirýär. Nesilbaşy öldi, sebäbi beýleki adamlardan hiç hili tapawudy ýokdy. Emma Isa Hudaýyň Ogly hökmünde geçmişi, geljegi bilmeýän, wagta garaşly bolmaýan ýagdaýda, Ybraýymdan öňem barky bardy. «...Men Ybraýymdan öň bardyryn» (Matta 22:32). 2. Ýakup we baky ýaşaýyş suwy. Ýakup ýene bir uly hormat goýulýan, ylaýta-da, ony öz nesilbaşysy hasaplaýan samariýalylar tarapyndan has-da sylanylýan pygamberdir. Ýakubyň guýusy Sihar şäheriniň golaýyndaky Samariýadady. Samariýalylar çöldäki bu suw çeşmesine Ýakubyň özlerine galdyran mirasy hökmünde garapdyrlar. Bir gezek Isa bu guýynyň ýanynda samariýaly aýala dirilik suwuny berip bilýändigini aýdanda, aýal şeýle sorag berýär: Sen bu guýyny bize beren, mundan özi-de, çagalary we dowarlary-da suw içen atamyz Ýakupdan ulumysyň? Ýahýa 4:12 Ýehudylaryň: «Sen atamyz Ybraýymdan ulumysyň?» diýip soraýşy ýaly, samariýaly aýal hem: «Sen... atamyz Ýakupdan ulumysyň?» diýip soraýar. Ýokarky we aşaky ýagdaýlarda sorag beýik nesilbaşylara gönükdirilendir. Isa bu aýala jogap berende-de, diňe Özüniň — Hudaýyň baky Oglunyň oňa dirilik suwuny berip bilýändigini, Onuň beren suwundan içeniň asla suwsamaýandygyny, tersine, ol suwuň onuň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi boljakdygyny aýdýar (Ýahýa 4:14). 3. Musa Isa barada ýazdy. Mukaddes Kitabyň başga bir ýerinde Özüne Hudaýyň Ogly diýmek bilen Özüni Hudaý bilen deňeşdireni üçin ýehudylaryň Isany öldürmek isländigi barada okaýarys (Ýahýa 5:18). Olar beýik kanunçy Musa bil baglaýardylar, sebäbi aýdyşlaryna görä, Hudaýyň Musa bilen gürleşenini bilýärmişler, Isanyň bolsa nireden geleni olara belli dälmiş (Ýahýa 9:29). Olar bilen gürrüňdeşlikde Isa ýene Özüniň Hudaýyň baky Ogludygyny, Ogla hormat goýmadygyň Ata hormat goýmaýandygyny aýdyp, soňundan şeýle diýýär: Siz Musa iman eden bolsadyňyz, Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy. Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdanlaryma nähili iman edersiňiz? Ýahýa 5:46–47 Isa ýene-de Özüniň hudaýlyk güýjüniň, pygamberleriň çäklendirilen güýjüne garşy goýlan manyda, Özüniň Musadan üstündigini yglan edýär. 4. Dawut Isany özüniň Rebbi diýip atlandyrýar. Ýene bir Köne Äht pygamberini ýatlap geçmek zerurdyr. Ýehudylar bilen başga bir jedelleşikde Isa olaryň ähli soraglaryna jogap berip, gelmeli Mesihiň şahsyýetini — Onuň kimiň Ogludygyny takyklamagy soraýar. Olar «Dawut Ogly» diýip jogap berýärler. Mesih muňa şeýle jogap berýär: Onda näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip: “Reb Meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna goýýançam, Meniň sagymda otur” diýýär? Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar? Matta 22:43–45 Isa Patmos adasyndaky Özüniň Ýahýa beren ylhamynda: «Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn» diýýär (Ylham 22:16). Göni ugurdan alsak, Ol Dawudyň nesli bolýar, şeýle hem Hudaýyň diri Oglulygyna galyp, bir wagtyň özünde Dawudyň köki hem Rebbi bolýar. Şeýlelikde, Ol Dawutdan has beýikdir. Şu aýatlar Köne Ähtiň beýik pygamberleriniň Mesihiň hudaýlyk tebigatyny öňden görüp, Ony sylandyklaryna düşünmäge kömek edýär. Ybraýym Onuň gününi görjekdigine şatlandy, Musa Ol barada ýazdy, Dawut bolsa Ony öz Rebbi diýip atlandyrdy. Bu beýik adamlaryň hemmesi-de, diňe Isa ýaşaýyş suwuny berip biljek ýeke-täk Rebbi we Halasgäri, özlerinden öň bar, indi hem gelmeli bolan Mesih hökmünde garaşypdyrlar. Musulmanlaryň Isanyň Özünden öň ýaşan pygamberlere meňzeş bir pygamberden başga hiç zat däldigini nygtaýan pikirlerine jogap bereniňizde, şu delilleri ulanyň. 3.6. «Muny gan we ten açmady» Musulman: Ýazgylardan Isanyň «Men Hudaý» diýen ýerini görkeziň, soň menem ynanaýyn. Isanyň Hudaýyň Ogludygyny subut ediň, soň menem munuň bilen ylalaşaryn. Siziň delilleriňiz şu wagta çenli esassyz galýar. Siz näme üçin meni ynandyryp bilmeýärsiňiz? Men köp ýyl mundan öň Durbanda (Günorta Afrika) bir musulman bilen gürrüňdeşlik geçirdim. Musulmanlaryň arasynda Hoş Habary wagyz etmek bilen meşgullanýan mesihiler musulmanlaryň göni gözlerine düşüp dursa-da, nury görmeýändigine gynanýardylar, hatda ruhdan hem düşýärdiler. Meniň bir wakany ýatlasym gelýär. Bir gezek biz iki mesihi we ýedi musulman bolup, bir musulmanyň öýünde Isa Hudaýyň Oglumy ýa-da däl diýen mowzuk boýunça iki sagatlyk gürrüňe ünsümizi aldyrandygymyzy ýatlaýaryn. Men bilýän subutnamalarymyň hemmesini aýtdym. Soň gitjek bolup maşynymyzyň ýanyna baranymyzda, ýaş musulmanlaryň biri meniň ýanyma gelip: «Bilýäňizmi näme, men siziň bilen ylalaşýaryn. Isa dogrudanam Özüniň Hudaýyň Ogludygyna ynanypdyr we şony-da öwredipdir» diýdi. Men bu gürrüňe bir hili ruhlanyp gitdim, ýöne birden ýaňky ýigit: «Ýöne meniň pikirimçe, Ol ýalňyşypdyr» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Käwagt ýeňiş gazanmak asla mümkin däl. Isanyň Hudaýyň Ogludygyna nädip akyl ýetirmeli Mesihilik taglymatyna dynç güni mekdeplerinde ýa-da başga usul bilen akyl ýetiren mesihiler Isanyň Hudaýyň Ogludygy baradaky hakykaty kabul edýärler. Emma muňa näme üçin ynanýandygyny köplenç olaryň özleri-de bilmeýärler. Ähtimal, köp hakykata çagalykda aňsat akyl ýetirilýändir. Şeýle-de bolsa, Isanyň hudaýlyk tebigatyna garşy biziň eýýäm seredip geçen delillerimizi öňe süräýmegi mümkin bolan musulmanlar bilen gürrüňdeşlik başlanan badyna, mesihiler özleriniň nämä we näme üçin ynanýandygyny subut etmäge ukypsyzdygyny duýýarlar. Hudaýyň kömekçileriniň ýokdugyna, Isa-da adam halyna Hudaýyň Ogly bolup bilmeýändigine, Üçbirligiň manysyzlygyna laýyklykda terbiýelenen musulmanlaryň pikirini üýtgetmek we Isanyň Üçbirligiň ikinji şahsyýetidigine ynandyrmak aňsat iş däl. Köp ýyl mundan öň men bir zada düşündim: biz musulmanlara Hoş Habara ynanmalydygyna diňe subutnamalaryň kömegi bilen göz ýetirdip bileris diýip, arkaýyn bolup bilmeris — munuň üçin ýokardan ylham gerek. Şonuň üçin ýokarda agzalan musulmana şeýle jogap berdim. Isa halka öwredende, syrkawlary sagaldanda, köp mugjyzalar görkezende, Öz şägirtleri bilen biledi. Onuň: «Adamlar Men Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýen soragyna (Matta 16:13) şägirtleri halkyň Ony Ýahýa suwa çümdüriji, Ylýas, Ýeremiýa, garaz, pygamberleriň biri hasaplaýandygyny aýdýarlar. Umumy düşünje şeýledi — Ol pygamber, ýöne nähili pygamberdigini bilmeýärdiler, şonda-da pygamberleriň biri hasaplaýardylar. Galyberse-de, Ol daşky sypaty boýunça beýleki pygamberlerden az tapawutlanýardy — Özünden öňki Musanyň, Ylýasyň, Eliniň edişi ýaly Hudaýyň Sözüni yglan edýän we mugjyza bilen tassyklaýan garyp adam. «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip soranda, Simun Petrus Oňa ýüzlenip: «Sen — diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýýär (Matta 16:15–16). Başga sözler bilen aýdanda, ol şeýle diýdi: «Halk Saňa pygamber diýýär, ýöne meniň pikirimçe, Sen — diri Hudaýyň Ogly». Ol näme üçin beýle diýdi? Isa bilen ýakyndan gatnaşyp, hakykata has ýakyn eden zatlaryny göreni ýa-da eşideni üçin dälmi? Isanyň beren jogaby örän täsirli boldy: Sen bagtlysyň, eý Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, göklerdäki Atamdyr. Matta 16:17 Ýok, Petrus bu jogaby özi bermedi. Aslynda Isanyň kimdigini oňa Ata Hudaý açdy. Musulmanlara Hoş Habary wagyz edenimizde, biziň diňe Hudaýyň hakykatyna şaýatlyk edýändigimizi, ýüregi ýagtylandyryp, ony Hudaýa öwürýäniň Mukaddes Ruhdugyny ýatdan çykarmaly däldiris. Men musulmanyň soragyna jogap berdim. Eger ol hiç haçanam ynanmazlygy ýüregine düwen bolsa, onda men Isanyň Hudaýyň Ogludygyny oňa subut edip bilmerin. Diňe Hudaýyň ylhamyny kabul edip biler ýaly öz akylynyň gözüni açan ýagdaýynda ol hakykaty görüp biler. Hoş Habar — Hudaýyň Özi baradaky ylhamy Näme-de bolsa, biz mesihiler hökmünde öz işimizi edip, hakykata şaýatlyk etmeli. Ynamyň Hudaýyň Sözünden gelýändigini Mukaddes Kitap aýdýar (Riml. 10:17). Şonuň üçin biz Hudaýyň Sözüni yglan edip, gerek ýerinde ony goramalydyrys. Bu ýerde gürrüň «Hudaýyň nädip adam bolup biljekdiginde, ýagny ten we gan bilen Özüni çäklendirip bilýändiginde» däl. Hudaýyň öňünde mümkin bolmajak zadyň ýoklugy bilen ylalaşaýmak galýar. Şonda has ýerlikli sorag ýüze çykýar: «Hudaý bize Özi barada näme açdy?» Bu ýerde-de gürrüň Hudaý Özüni adam keşbine salyp bilýärmidigi barada däl-de, adam Hudaýyň keşbini göterip bilýärmidigi barada barýar. Isa Mesih ýerde bolan wagty her bir adama Hudaýň kämil häsiýetini dolulygy bilen görkezdi. Ine, Ol näme üçin: «Meni gören Meni Ibereni görendir» diýýär (Ýahýa 12:45). Isa ýerde ýaşanda Hudaýyň kämil tebigatyna tegmil degirmedi. Gaýtam tersine, biziň bagyşlama we baky durmuşy almagymyz üçin, Hudaýyň Ogly Isa Mesih Öz janyny pida edende, Hudaýyň söýgüsi, merhemeti, rehimdarlygy we bagyşlamasy dolulygyna açyldy. Gurhan Merýeme erkek bilen gatnaşykda bolmazdan göwreli boljagyny habar beren perişdäniň peýda bolşuny gürrüň berende, şeýle diýýär: Biz onuň (Merýemiň) ýanyna Öz ruhumyzy goýberdik, ol hem onuň öňünde kämil adamyň keşbine girdi. 19-njy süre 17-nji aýat Hudaýyň ruhlary bolan perişdeleri adam keşbine doly meňzeşlikde goýberendigini Gurhan açyk ykrar edýär. Onda näme üçin Ruh bolan Hudaýyň Ogly adam keşbine girip bilmeýärmişin? Şunuň ýaly mümkinçiligiň garşysyna hiç hili paýhasly garşylyk bolup bilmez. Gurhanyň başga ýerinde şeýle diýilýär: “Eger ýerde arkaýyn gezip ýören perişdeler bolan bolsa, onda Biz olaryň ýanyna gökden goýberilen perişde ibererdik” diýip aýt. 17-nji süre 95-nji aýat Eger ýerde perişde ýaşan bolsa, onda Hudaý olaryň ýanyna perişde goýbererdi. Ýöne Ol Öz halkynyň arasynda ýaşap, olary günäsinden halas etmek islän bolsa, onda Ol adam keşbine girmegi makul bilmezmi? Galyberse-de, Hudaýyň ilkinji adamy ýaradanda: «...Öz keşbimize meňzeşlikde adam ýaradalyň» (Gelip çykyş 1:26) diýenini Mukaddes Kitap aýdýar. Eger şeýle bolsa, onda ilkinji adamyň Hudaýyň keşbinde bolandygy aýdyň görnüp dur. Isa hakykatdanam Hudaýyň Ogly. Biz hiç haçanam bu hakykatdan daşlaşmaly däldiris. Gaýtam mümkin boldugyça peýdaly edip, ony yslam dünýäsine ýetirmeli we oňa düşünmek üçin Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň musulmanlara içki nury sowgat bermegi üçin dileg etmeli. 4. HAÇA ÇÜÝLENME WE SATYN ALYNMA HAÇA ÇÜÝLENMÄNIŇ WE SATYN ALYNMANYŇ TARYHY WE RUHY SORAGLARY 4.1. Adamyň günäli tebigatynyň netijesi Musulman: Hiç kim başga biriniň günäsini öz üstüne alyp bilmez. Her adam öz durmuşy üçin özi jogap berýär. Siz Allanyň kanunlaryna gulak asmaga we Onuň rehimdarlygyna bil baglamaga çalyşmaly. Şeýtseňiz, Ol siziň günäleriňizi bagyşlar. Günä — bu gowy işler arkaly üsti çyzylmaly erbet işlerdir. Yslam bilen mesihiligiň arasyndaky örän uly tapawut hem olaryň günä we onuň Hudaý bilen adamyň gatnaşygyna edýän täsirine düşünişlerindedir. Täze Ähte laýyklykda, Adam atanyň günäsi diňe bir Hudaýyň mukaddes kanunlaryna garşy edilen jenaýat bolman, eýsem bütin adam neslini Hudaýyň duşmany eden gönüden-göni boýun bolmazlyk bolupdy (Riml. 3:9–18). Şol günä-de adamlary jenaýatlary we günäleri sebäpli, şeýtanyň erkine boýun bolan garşydaşlygyň ogullary hökmünde, ruhy taýdan öli etdi (Efes. 2:1–2). Adamlaryň gowy we erbet işlere öz saýlawy boýunça ukyplydygyny yslam öwredýär. Gurhan adamyň Hudaýdan öwrülip, Onuň ýagşylygyny bilmezlik islegine geçirimlilik edýändigine hemişe gynanýan bolsa-da (100-nji süre 6–8-nji aýatlar), adamyň Hudaýa doly boýun bolmaga ukypsyzlygyna adam bilen Hudaýy aýyrýan uçut hökmünde baha bermeýär. Hudaýyň tä ara düşüp, satyn alma işini Öz Ogly Isa Mesihiň haça çüýlenmeginiň, ölüminiň we direlişiniň üsti bilen amala aşyrýança, şol uçudyň durandygyny Mukaddes Kitap öwredýär. Näme üçin günäden satyn alynma şeýle wajyp Gürrüň ahyrsoňunda adamyň Mukaddes Kitabyň görkezişi ýaly şeýle erbetdigine, «mekir hem diýseň zaýa» (Ýerem. 17:9) ýüreklidigine syrykmaýar-da, Hudaýyň Mukaddes Kitabyň gürrüň berşi ýaly, hakykatdan hem mähirlidigi ýa-da däldigi barada barýar. Yslama laýyklykda, Alla — älem-jahanyň Rebbi. Onuň dogrulyk, rehimdarlyk we adalatlylyk ýaly häsiýeti bolsa, alamatdan başga hiç zadam däl. Rebbiň Öz tebigaty boýunça mukaddeslik we dogrulykdygyny, Onuň mukaddes kanunlaryny bozanlaryň Rebbiň hemme taraplaýyn mukaddes tebigatyna mynasyp däldigini Mukaddes Kitap öwredýär (Riml. 3:23). Musulmanlar mesihileriň adam tebigaty boýunça gaty pessimistik nukdaý-nazarynyň bardygyny, Hudaýa hiç kimi bagyşlamagyň gerek däldigini, sebäbi Ol islän adamsyny şeýle-de bagyşlap bilýändigini aýdanlarynda, ýokarky pikiri nädip olaryň delillerine garşy ulanmak bolar? Iň peýdaly usullaryň biri — satyn alnyş baradaky taglymaty subut etmäge dyrjaşman, ýöne bir iki adamy — Adam atany we Isany deňeşdiräýmeli: ...ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi. Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter. 1 Korint.15:21–22 Günä edenlerinden soň Adam ata bilen How enäniň Erem bagyndan kowulandygy bilen hemme musulmanlar hem ylalaşýarlar. Olaryň gulak asmazlygy ýöne bir gowulyk bilen üstüni örtäýmeli zat bolman, eýsem olary bagyşlama meselesini hem Rebbiň öňünden aýyrdy. Olar hiç haçan şol baga gaýdyp barmady. Olaryň nesli bolan adam tohumynyň ýekeje wekili-de ol ýere baryp bilmedi. Musulmanlaryň pikiriçe, bag gökde bolupdyr, sebäbi Gurhanda bag we gök bir söz — jannatu al adn (9-njy süre 72-nji aýat) bilen aňladylýar. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde bir zada göz ýetirdim. Olar eger Adam ata bilen How ene Erem bagynda galan bolsa ölmezdi, olaryň goýberilen nälet siňen ýerinde ölüm gutulgysyz boldy diýip, şuňa ynanýarlar. Şonuň üçin musulmanlar Adam ata bilen How enäniň günäsiniň weýran ediji netijäni berendigini görmelidirler. «Eger Adam ata bilen How ene bagyşlanan bolsa, onda näme üçin olara baga gaýdyp barmaga rugsat berilmedi? Näme üçin olar we nesilleri ýerde ölmek üçin galdyryldy» diýip, men olara ýygy-ýygydan sorag berýärin. Yslamda bu soraglara jogap ýok, ýöne şonda-da musulmanlar Isanyň göge alnandygyna we hiç haçan ölmän gökde ýaşap ýören ýeke-täk Adamdygyna ynanýarlar. Eger Adam atadan başlap, Muhammede çenli ondan soňky ýerde doglan adamlaryň hemmesi hem ýerdäki durmuşyny hiç zat bilen gutaran bolsa, onda Isa ol ýere nädip düşdükä? Şu sözlerden soň Mesihiň göge gidendigi, sebäbi ýere şol ýerden gelendigi baradaky sözlerini görkezmek bolar. Ol adaty adam bolmandyr. Muny Onuň dogluşy hem subut edýär. Isanyň aýdyşy ýaly: Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen we gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr. Yahýa 3:13 Men Atadan çykyp, dünýä geldim; indi-de dünýäni terk edip, Ata barýaryn. Yahýa 16:28 Musulmanlar hemme zatdan logikany gowy görýändiklerini aýdýarlar. Şonuň üçin gürrüňdeşlikde logikany ulanyň. Eger toprakdan ýasalanymyz üçin topraga öwrülýän bolsak, onda Isanyň hem gökden geleni üçin göge gitmegi logika dogry gelmeýärmi? Mesihiň ilkinji gezek ýere «günäli tene meňzeşlikde» (Riml. 8:3) adaty adam bolmak, biziň ölüşimiz ýaly ölmek we günämizden halas etmek üçin gelendigini görkezmek örän peýdaly eken. Ikinji gezek Ol Özüniň ajaýyp şöhratynda, biziň Onuň ýaşaýan ýeri bolan göklerdäki Patyşalykda ýaşamagymyz, bizi Özüne meňzetmek üçin gelýär. Isanyň Özüniň hakyky görnüşinde görnüp, doly şöhratynyň kämilliginde öwşün atyp, ýüzüniň hem nur saçyşy ýaly (Matta 17:2), bizem Atanyň Patyşalygynda «gün ýaly şöhle saçarys», sebäbi Mesihe ynanýarys. Ol arkaly hem Hudaýa ýakyn bolduk (Matta 13:43). Eger mesihilik özüni hiç hili gowy işler bilen halas edip bilmeýän adam tebigatyna göwnüçökgün seredýän bolsa, onda onuň adam tebigatynyň nähili boljakdygyna iň ynamly garaýşy bardyr. Adam atanyň we onuň nesilleriniň mahrum bolan bagyna gaýdyp barmaga ýekeje ýol bar. Ol hem Öz yzyna eýerýänleri şol baga alyp gitmek üçin gökden gaýdyp geljek Isa Mesihiň üstünden geçýär. Onuň amala aşyran günälerden satyn almasyndan başga göklere alyp barýan ýol ýok. Gurhan Adam atanyň günä edişi barada Mukaddes Kitabyň Adam atanyň jenaýaty baradaky taglymaty bilen Gurhanyň ylalaşýandygyny görkezip, bir pikiri bellemeli. Gurhan bu jenaýaty ýöne bir ýalňyşlyk, ähmiýetsiz etmiş ýa-da Hudaýyň gadagan eden miwesini iýmek baradaky buýrugy unudan bolaýmagy mümkin bolan Adam atanyň adaty ýatkeşsizligi hökmünde düşündirmän, eýsem büdreme hökmünde düşündirýär: Şeýtan olary özüne büdremäge mejbur etdi hem-de olary bolýan ýerinden çykardy. Bizem şeýle diýdik: “Bir-biriňize duşman bolup, aşak düşüň! Siziň üçin ýer ýaşamaly we wagty gelýänçä ulanmaly ýeriňiz bolar” 2-nji süre 36-njy aýat Bu aýatdaky wajyp söz — «ahibtu» sözüdir. Ol «habt» sözi bilen bir kökden bolup, «ýapgytdan aşak gitmegi» ýa-da «belent ýerden aşak düşmegi» aňladýar. «Aşak düşüň» diýen buýruk «Güm bol şu ýerden» diýen höküm bilen deň derejededir. Onuň netijesi-de erbetdir, ýagny adamlaryň arasyndaky duşmançylyk we olaryň gökden mahrum bolmasydyr. Adam ata bilen How enä şondan soň baga gaýdyp barmaga rugsat berilmändigini bellemek örän wajypdyr. Olaryň günäsiniň soňky netijesi ölüm boldy. Şu ýerden hem baky ýaşaýşa umyt bermek üçin, ölülerden direlen Halasgär Isa Mesihe mätäçligimiz gelip çykýar. Adam atanyň jenaýatyny kiçeltmäge çalşyp: «Ol Hudaýyň buýruguny ýadyndan çykarandyr» diýýäne şulary görkezmek gerek: birinjiden, Hudaýyň gadagan eden ýeke-täk buýrugyny ýatdan çykarmak mümkin däl (süre 7.19), ikinjiden bolsa, şeýtan Adam atany günä etmäge yran wagty şol buýrugy ýatlatdy: Rebbiň bu agajy gadagan etmeginiň ýekeje sebäbi, siziň perişde ýa-da baky bolmazlygyňyz üçindir. 7-nji süre 20-nji aýat Adam atanyň günäsi Hudaýa boýun bolmazlygyň görkezme nyşanydyr. Agaç Hudaýyň adamyň üstünden ygtyýarynyň bardygynyň nyşany hökmünde bagyň ortasynda durdy. Adam ata onuň miwesinden iýen wagty şol ygtyýarlyga garşy çykdy hem-de adamzat neslini Hudaýa hemişe garşydaşlykda bolma ýagdaýyna sezewar etdi. Şol ýagdaýdan bizi diňe Isa Mesih halas edip bilýär. Musulmanlar özleriniň Medinede Masjid an-Nabide (pygamberleriň metjidinde) taýýarlap goýan gabyry barada şeýle düşündirýärler: olaryň pikiriçe, Isa ýere gaýdyp gelenden kyrk ýyl geçenden soň şol gabyrda jaýlanýarmyş. Men eýýäm Isanyň iki gabrynda bolup gördüm — biri Köne şäherdäki Rebbiň ybadathanasyndaky gabry, beýlekisi Onuň haça çüýlenen ýeri bolan Golgotadaky gabry. Bir zady bellemek ýerlikli bolar, Isanyň üç sany gabry bar, ýöne Ol olaryň hiçisinde-de ýok, hiç haçan bolmazam! Sebäbi Ol indi hiç haçan ölmezlik üçin göklerde baky ýaşaýar. Isanyň durmuşy diýseň geň galdyryjy — Ol gökden inip, gyzdan doguldy, geň galdyryjy bolubam gutardy — Ol ölümden direlenden soň ýene-de göge alyndy. Meniň pikirimçe, ýene bir ähmiýetli pikire musulmanlaryň ünsüni çeksek peýdaly bolardy. Isa gökde Muhammediň dogulmazyndan öňem ýaşaýardy. Yslamyň pygamberiniň ömrüniň bütin dowamynda-da, Arabystan topragynda jaýlanandan soňky on dört asyryň dowamynda-da Isa şol şöhratynyň içinde şol ýerde, ýagny gökde boldy we häzirem bolmagyny dowam etdirýär. 4.2. Mesihilere günä etmäge rugsat berlenmi? Musulman: Eger Mesih siziň ähli gecen, häzirki we geljekki günäleriňiz ücin ölen bolsa, onda siz arkaýyn günä edip bilýäňiz-dä? Şu döwürdäki Günbatar dünýäsiniň azgynçylygy şonuň üçin dälmi? Siz Hudaýdan bagyşlama soradyňyz besdir, ony derrew alýaňyz. Biz musulmanlar muňa hiç haçanam ynanmaýarys — bu örän ýeňil durmuş. Bu mesihileriň musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde köp gabat gelýän delilleriniň biridir. Yslamyň wekilleriniň pikiriçe, Hudaýyň merhemetini gowy işler we dini däp-dessurlary berjaý etmek bilen gazanmaly. Halas bolmany ýa-da bagyşlamany mugt, ýöne bir Isa Mesihe iman etmek bilen alyp bolýandygyna düşünmek olar üçin kyn. Pawlusyň Rimlilere hatynyň 6-njy babyndaky taglymaty Pawlus özüniň Rimlilere hatynyň 6-njy babynda halas boluş we günälerden satyn alnyş meselesine örän paýhasly we howlukman seredýär. Şu babyň birinji böleginde resul musulmanlaryň delillerinden tapawutlanmaýan, ýüze çykmasy mümkin bolan soraga jogap berýär: «Indi näme diýeliň? Merhemet köpelsin diýip, günäde galalyňmy?» (Riml. 6:1). Bu babyň ikinji böleginde klassiki garşylyga duş gelýäris. «...kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi?» (Riml. 6:15). Pawlusyň jogaby hut Hoş Habaryň özenine aralaşýar. Her gezek musulmanlar şu mowzukdan söz açanlarynda, mesihilerde Hudaýyň halas ediş merhemetiniň Mesihdäki täsirine şaýatlyk etmäge mümkinçilik peýda bolýar. 1. Günä üçin ölüler we Mesihde Hudaý üçin diriler. Resul Pawlusyň ilkinji eden işi bu soragy bermek boldy: eger mesihileriň Mesihe imanynyň netijesi Onuň gara güýçleriň üstünden gazanjak ýeňşine gatnaşmak bolsa, onda olar nädip günäli durmuşda ýaşamaga ýol berip bilerler? Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys? Riml. 6:2 Pawlusyň sözleriniň özeni şunda jemlenen: Isa iman eden adam Onuň bilen ölüminde we ölümden direlmesinde birleşdi. Mesih ölümi we ölümiň hökümdarlygyny ýeňmek üçin öldi hem-de Öz yzyna düşmek isleýänleriň hemmesine Özüniň ölümden direldiji güýjüni bermek üçin ölümden direldi. Imanlylar hem öz gezeginde günä üçin Isanyň ölümini miras alýarlar we Hudaý hem-de Onuň dogrulygynyň bütinleý dolulygy üçin direlýärler. Eger günäsine toba etmäge, günäsini hemişelik taşlamaga we çyn dogrulykda, mukaddeslikde Hudaýyň keşbine öwrülmäge isleg bildirmese, hiç kimem Hudaýyň Isa Mesihdäki bagyşlamasyny alyp bilmez. Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr. Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň. Riml. 6:10–11 2. Hudaýyň merhemeti imanlylary günäniň häkimliginden azat edýär. Bellemeli bolan iň wajyp pikir, megerem, Isa Mesih diňe bir bizi günälerimiz sebäpli gelen ýazykdan azat etmek üçin däl-de, eýsem günäniň häkimliginden azat etmek üçin hem ölendir. Bir gezek Isa: «...günä edýän kişi günäniň guludyr» (Ýahýa 8:34) diýdi. Musulmanlar bilen gürrüňdeşlikde men şeýle soragy köp berýärin. Eger günä — bu bary-ýogy adamyň özüniň şahsy saýlawy bolsa, onda näme üçin günäkär Hudaýa ýöne bir: «Men bilýän, Sen biziň hakykat ýoluna düşmegimizi isleýäň, şonuň üçin men mundan beýläk günä etjek däl» diýip aýdyp bilmeýär. Olar bu soraga ör-gökden gelýärler-de, hiç kimiň beýle karara gelip bilmejegini, ylaýta-da, muny bir günüň içinde edip bolmajagyny boýun alýarlar. Olar köplenç şeýle diýýärlär: «Käwagt biz haçan günä edýänimizem bilmeýäris. Biziň gözümize dogry bolup görünýän zat Hudaýyň öňünde günä bolup biler». Köp musulmanlar günä meýilli bolan ezýet beriji düşünje bilen göreşýärler, sebäbi bu ýeňip geçip bolmajak güýç, adam tebigatynyň gynandyryjy hakykatydyr. Ine, mesihileriň durmuşynda halas edilişiň güýji niredede herekete girýär: Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz. Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz. Riml. 6:17–18 Isa Mesihe bolan iman bizi diňe bir günälerimiziň bagyşlanmagyna alyp barman, eýsem günäni ýeňmäge-de güýç berýär. Pawlusyň beýleki bir hatynda aýdylyşy ýaly, Isa diňe bir «hemme ýazykdan gutulmagymyz» üçin däl-de, eýsem «Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin bizi tämizlejek bolup» (Titus 2:14) hem geldi. Köp musulmanlar üçin günäni ýeňme güýjüne eýe bolma mümkinçiligi özüne çekiji bolýar. 3. Mukaddes Ruhdan dolma. Janyny Isa ynanan her bir adam Mukaddes Ruhuň gözegçiligine-de eýe bolýar. Isa Üçbirligiň üçünji Şahsyýeti bolup, biziň durmuşymyzy dolandyrmagy Öz eline alýar-da, ýüregimiziň jümmüşinde Hudaýyň tabşyryklaryna söýgi döredýär. Bizem belli bir möçberde Oňa boýun bolýarys. Ol hem boýun boluş möçberimize laýyklykda, bizi günä itekleýän isleglerden azat edýär. Şu pikire musulmanlary ynandyrmak isleseňiz, meniň pikirimçe, meşhur bolan wakany ýatlamak peýdaly bolar: Ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde, Onuň injiklerini döwmediler. Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi; şol bada-da gan we suw çogduryldy. Ýahýa 19:33–34 Indiki aýatda Ýahýa bu wakanyň ähmiýetini belläp, bu zatlary özüniň gözi bilen görendigini we okyjylaryň ynanmaklary üçin olary jikme-jik ýazandygyny aýdýar. Nämä ynanmaly? Şu wakanyň hakykatdanam bolandygynamy? Eger Ýahýanyň Hoş Habaryndaky «ynanmak» sözüniň aýratyn ähmiýete eýedigini hasaba alsak, belki, wakanyň bolandygyna ynanmak däldir. Ol başga bir zady göz öňünde tutýar, ýagny siziň Isa Mesihe bolan imanda ýaşamagyňyzydyr. Mesihiň bedeninden gandan başga-da, suwuň çogdurylyp çykmagy Ýahýany aňk edýär. Şu ýerde gan gadymda ybadathanadaky gurbanlyk mallarynyň dökülen ganynyň, Hudaýdan bagyşlama alma usuly bolşy ýaly, günäleriň bagyşlanmagyny alamatlandyrýar. Suw bolsa, Mukaddes Ruhuň berilmegini we imanlylaryň alýan täze durmuşynyň akymyny alamatlandyrýar. Ýahýanyň Hoş Habarynda suw — bu adam janynda jemlenen hudaýlyk güýjüniň köp gabat gelýän nyşanydyr (Ýahýa 4:14, 7:38). Munuň Pawlusyň Rimlilere hatynyň 6-njy babynda beýan edilen taglymatyny berkidýän ajaýyp mysaldygy doly düşnüklidir. Soňunda «eger Isa siziň üçin ölen bolsa, onda siz isledigiňizçe köp günä edip bilersiňiz» diýýän musulmanda şu pikiriň döremegine sebäp bolan aýady okap görmegi teklip etmek ýerlikli bolar. Sizde özleriniň Mukaddes Kitabyň taglymatyny bilmeýändigini we aslyýetinde halas bolmanyň nämediginiň gysgajyk düşündirilmegine mätäçdigini gynanç bilen görkezýändigini öz söhbetdeşleriňize sypaýyçylyk bilen duýdurmaga mümkinçilik döreýär. 4.3. Baý ýigit we Hudaýyň tabşyryklary Musulman: Siziň halas bolmanyň Isa Mesihe iman arkaly gelýändigini aýtmagyňyz bir geňsi görünýär. Baky ýaşaýyş almak isleýänleriň Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidigini Hudaýyň Özi aýdýar ahyry. Yslam hem edil şunuň ýaly hakyky takwalyk barada aýdýar. Köp musulmanlara Isanyň ýanyna gelip, baky durmuşa ýetmek üçin özüniň näme etmelidigini soran ýaş ýigidiň taryhy tanyş. Isa oňa şeýle jogap berdi: «...ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, tabşyryklary berjaý et» (Matta 19:17). Musulmanlar Isanyň hiç wagt günäden satyn alnyş barada aýtman, eýsem, hemişe şu aýatdakysy ýaly, Hudaýyň Patyşalygyna girmek isleýänleriň hemmesini Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmäge çagyrdy diýýärler. Olara näme jogap bermeli? «Ýeke Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» Käwagt musulmanlar Isanyň bary-ýogy islendik adama meňzeş bolan adamdygyny aýdyp, Onuň ýaş ýigit bilen gürrüňdeşlikde Özüniň ýagşylyga eýedigine garşy çykanyny nygtaýarlar. Ýaş ýigit oňa: «ýagşy Mugallym« diýip ýüzlenende, Isa şeýle jogap berýär: Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Markus 10:18 Şu ýerde şaýatlyk etmek üçin ýene bir ajaýyp mümkinçilik açylýar, bu gezek Mesihiň hudaýlyk tebigaty barada. Ol hiç haçanam Özüniň ýagşylygyna garşy çykmady-da, gaýtam Hudaýyň gadymky «Men Öz goýunlarymy bakaryn» (Ezekiel 34:15) diýen sözlerini gaýtalap, hemişe Özüni goýunlary üçin janyny berýän gowy çopan diýip atlandyrýar (Ýahýa 10:11). Özüni gowy çopan diýip atlandyranda, Isanyň hut şu sözleri akylynda aýlandygyna ýekeje-de şübhe bolup bilmez. Esasyna seredende, Mesih: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň?» diýip soraýar. Bir zady belläp geçeliň: ýaş ýigit Isany ýewreýçe «ýagşy mugallym» diýip atlandyranda, Ol Özüniň ýagşylygyna garşy çykmady (Ýahýa 1:38-de bolşy ýaly). Şol wagtlar Ysraýylda şonuň ýaly kanunyň mygallymlary kändi, eger ýaş ýigit Isany-da şolaryň biri hökmünde hasaplan bolsa, onda onuň näme üçin Özüni ýagşy diýip atlandyrýandygyny bilmek üçin gyzyklanyp bilerdi, sebäbi baky manyda diňe ýeke Hudaý ýagşydyr. Isanyň jogaby — bu ýaş ýigidiň Özüni dini taglymatlary düşündirýän köp mugallymlaryň biri hasaplaýandygyny ýa-da onuň Isada Öz ygtyýary bilen baky durmuşyň syryny açyp bilýän hudaýlyk şahsyýeti görýändigini aýtmaklyga talapdyr. Eger olaryň gürrüňiniň galan bölegine seretsek, bu örän aýdyňdyr. «Eger kämil bolmak isleseň... Meniň yzyma düş» Isa baý ýigide, eger tabşyryklary ýerine ýetirse, baky ýaşaýşa girip biljekdigini aýdanda, ýigit: «Haýsylary?» diýip soraýar. Isa tabşyryklardan diňe adamyň öz ýakynlary bilen aragatnaşyklaryna degişli bolan bäşisini agzaýar, ýöne onunjy — «göz gyzdyrmany» agzamaýar. Şonda ýigit bu zatlaryň hemmesini çagalykdan bäri berjaý edip gelýändigini aýdýar-da, ýene näme etmelidigini soraýar. Isa onuň baýlyga bolan söýgüsini we açgözlügini bilip, şeýle diýýär: ...kämil bolaýyn diýseň, git, nämäň bar bolsa, sat-da, garyplara paýla... Matta 19:21 Ýigit bu sözleri eşidenden soň özünde baýlygyndan aýrylyşmaga güýç tapman, gaýgylanyp bir gyra çekilýär. Bu waka on tabşyrygy berjaý edýän islendik adamyň baky durmuşa girip bilýändigine şaýatlyk etmeýär-de, olary ýerine ýetirmek bilen baky durmuşa ýeter ýaly hiç kimiňem bolmalysy ýaly şeýle kämil ýerine ýetirip bilmejekdigine şaýatlyk edýär. Hudaý kämil, Onuň kanunlaryny hem eger sözüň doly manysynda berjaý etjek bolsaň, onda kämil bolmalydyr. Aşaky aýatda aýdylyşy ýaly: ...kim tutuş kanuny berjaý edip-de, diňe bir zatda büdrese, ol hemmesinde ýazykly bolar. Ýakup 2:10 Özüni çagalykdan bäri Hudaýyň kanunlaryny berjaý edýän hasaplaýan baý ýigide Isa Hudaýyň tabşyryklarynyň hemmesini kämil we hemişe ýerine ýetirmelidigini hem-de hakyky kämil adam bolmak isleýän bolsa, onda emlägini satmalydygyny, şeýdip, maddy gowulyklary söýmegini bes etmekligi aýtdy. Ýaş ýigidiňki ýaly takwalyk «Öz mukaddesligini hakykatda ýüze çykarýan» Hudaý üçin makul däl (Işaýa 5:16). Tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen baky durmuşa ýeterin öýden ýigide, gaýtam tabşyryklaryň öz günäsiniň üstüni açandygy aýan boldy. Resul Pawlusyň aýdyşy ýaly: ...ýaşaýyş üçin berlen buýrugyň özi maňa ölüm üçin bolup çykdy. Riml. 7:10 Isa ýigide näme edende halas bolup biljekdigini açyk aýdýar: «Eger kämil bolmak isleýän bolsaň, «...Meniň yzyma düş». Diňe Mesihiň günälerden satyn alyş gurbanlygynyň kömegi bilen kämillige ýetip, halas bolma gazanyp bolar. Günäden satyn alnyşyň başga şaýatlyklary Mesihiň hiç haçanam günälerden satyn alyş barada aýtmandygy baradaky günäkärlemäni ret etmek üçin başga-da köp esaslar bar. Diňe bizi halas etmek üçin ýere gelendigini Ol köp sözleriniň üsti bilen düşündirdi. Gürrüňdeşlikde şol aýatlary ulanmak peýdaly bolar: Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi. Matta 20:28 ...dünýäniň ýaşaýşy üçin Meniň berjek çöregim Öz tenimdir. Ýahýa 6:51 Men gowy çopandyryn, gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. Ýahýa 10:11 Isanyň durmuşyndaky günäden satyn alşy Hudaýyň halas etme ýoly hökmünde aýdyň görkezýän iň wajyp waka, megerem, Onuň tussag edilmeginiň, soraga çekilmeginiň we haça çüýlenmeginiň öň ýanyndaky öz şägirtleri bilen geçiren soňky syrly oturlyşygy bolsa gerek. Ol şonda çöregi alyp döwýär-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýip, şägirtlerine berýär. Soň şeraply käsäni alýar-da: «Bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr» diýýär (Matta 26:26–28). Isanyň hiç haçanam günälerden satyn alyş barada aýtmandygyny tassyklap, nädip şu sözlere garşy çykyp bolýandygyna düşüner ýaly däl. Jeza berilmeziniň öň ýanynda şägirtleri bilen oturanda, Ol hut günäden satyn alyş barada gürrüň berdi. Musulmanlaryň baý ýigidiň taryhyna dahylly bolan garşylyklaryna jogap berende, mesihilerde Hoş Habary paýlaşmaga gowy mümkinçilik açylýar. 4.4. Gurhandaky çalyşmaklyk nazarýeti Musulman: Hudaý hiç haçanam Öz Ogluny haça çüýleýişlerine seredip, bu işe goşulman durmazdy. Isa biziň üçin beýik pygamber. Alla Ony öldürmek isleýän ýehudylardan halas etdi. Ol Ony haça çüýlenmeden halas etdi. Onuň ýerine başga biri haça çüýlendi. Isanyň haça çüýlenendigi barada Gurhanda ýekeje aýatda aýdylýar. Onda bu waka terk edilýär we edil ýehudylaryň Isanyň garşysyna töhmeti hökmünde kabul edilýär. Ýehudylaryň Isany öldürme niýetiniň bardygy Gurhanda boýun alynýar. Ýöne Allanyň Öz pygamberini hormatlap, zalym adamlaryň elinden alyp galandygy, Onuň ýerine Alla tarapyndan görnüşi üýtgedilip, Isa meňzeş edilen başga bir adamyň haça çüýlenendigi-de aýdylýar. Gurhanda bu wakanyň mesihilik üçin nähili ähmiýetiniň bardygy barada ýekeje sözem aýdylmaýar. Eger Isanyň Öz janyny hemme adamlaryň halas bolmagy üçin meýletin berendigi we Hudaýyň Oglunyň adam keşbinde gelmeginiň yeke-täk maksadynyň şudugy baradaky Mukaddes Kitabyň taglymatyny göz öňünde tutsak, onda bu haýran galdyryjy gözden sypdyrma bolýar. Isanyň ölümi we direlişi bolmadyk bolsa, onda mesihiligem bolmazdy — bu biziň ynamymyzyň özenidir. Gurhanda mesihilik sözlerine hiç hili salgylanmanyň bolmazlygy has-da geň galdyryjy zat. Ine, şol aýat: ...olaryň: “Biz Allanyň goýberen Mesihi, Merýemiň ogly Isany öldürdik ahyryn” diýen sözleri üçin ... (olar bolsa ony öldürmedilerem, haça-da çüýlemediler, ýöne bu olara şeýle bolan ýaly bolup göründi. Hakykatynda, muňa şübhelenip, agzalalyk edýänleriň-de çaklamanyň yzyna eýermekden başga hiç hili bilimi ýok. Olar ony öldürmediler, belki, ýok, Alla ony Öz ýanyna ýokary aldy. Alla beýik hem akyldar ahyryn! ” 4-nji süre 157–158-nji aýatlar Çalyşmaklyk nazarýetini ulanyş Agzalan böleklerdäki «bu olara şeýle bolan ýaly bolup göründi» diýen jümle musulmanlary haça çüýlenmäniň şaýatlarynyň biriniň daş keşbi üýtgedilip, ol Isa gaty meňzeş edilýär we Hudaý şol adamy haçda Öz pygamberi bilen çalyşýar diýen pirkire getirýär. Isa bolsa göge alnyp, häzirem şol ýerde ýaşaýar we ahyrzamanyň öň ýanynda ýere gaýdyp gelýänçä-de, şol ýerde ýaşar. Gurhan mesihilik tutarygyna gaty ýakyn gelýär. Ol ýehudylaryň Isany tussag edendigini, olaryň Ony haça çüýleme niýetiniň bolandygyny, kimdir biriniň haça çüýlenendigini, öleniň Mesihe meňzeýändigini, haçyň ýanynda duranlaryň hemmesiniň haçdaky öleniň Mesihdigine ynamly bolandygyny goldaýar. Aslynda «bu olar şeýle ýaly bolup göründi» diýen jümle diýseň takyk däl we musulman dünýäsinde, hakykatdanam, Isa näme bolandygy babatda agzalalyk döretmegini bes etmeýär. Şeýle-de bolsa umumy pikir şeýle — kimdir biri Isa doly meňzeş edilip, Onuň ýerine haça çüýlenipdir. Gurhan Isanyň ýerdäki durmuşyny Mukaddes Kitapdaky agzalan günde jemleýär. Tötänden gabat gelse-de, bu çalyşmaklyk nazarýetine meňzeşräk gelýän ýeke-täk bölümdir. Ol Isanyň tebigy durmuşynyň soňky gününi akylly-başly görkezýär, sebäbi ony taryh kesgitledi. Şeýle-de bolsa, bu nazarýetiň manysynyň azdygyny, ony köp bölümler boýunça gazaply tankytlap boljakdygyny göreris. Mesihiň haça çüýlenenine garşy çykýan musulmanlara jogap berenimizde, hemme zatdan öňürti olaryň we biziň daýanýan delillerimizi görkezmek gerek. Bu ýerdäki ýekeje jedelli sorag — Isa hakykatdaman (Mukaddes Kitabyň öwredişi ýaly) haça çüýlendimi ýa-da (Gurhanyň öwredişi ýaly) Onuň ýerine başga biri haça çüýlendimi? Oýun meýdançasyny deňeşdiren badymyza bu esasy soraga ünsümizi jemlemek birneme aňsatlaşar. Çalyşmaklyk nazarýetine berilýän tankydy seljerme Gurhanyň diňe bir şol günki bolup geçen wakalara degişli taglymatynyň özi däl, eýsem onuň düşündirişi-de düýbünden düşnüksiz. Nazarýetiň özeniniň ruhy nukdaý-nazardan diýseň gowşak bolany üçin, çynlakaý tankydy seljermeleriň synagyna çydamaýar. Şu mowzukdan musulmanlar bilen eden söhbetdeşligiňizde, seljermäniň aşakky bölümlerini üstünlikli görkezmek bolar. 1. Näme üçin Hudaý bigünä adamy gurban berdi? Eger Hudaý Isany göge almak bilen Ony halas etmegi ýüregine düwen bolsa, onda haça çüýlemä başga birini bermek Oňa nämä gerek bolduka? Munuň hiç hili manysy ýok. Hudaýyň haçanam bolsa, bir wagt şunuň ýaly iş edendigine biz ynanmaýarys. Käbir musulmanlar Iuda Iskarýotyň haça çüýlenendigini aýdýarlar, emma Gurhan gurban edileniň şahsyýetini kesgitlemeýär. Delil şeýle: haça çüýlenen kim bolanda-da, ölüm jezasy berler ýaly, Isanyň eden bolmagy mümkin bolan çaklamadaky bolşy ýaly jenaýatda günäkär bolmandyr. Iudanyň saýlanmagy bolsa — bu ýöne bir Hudaýyň eden bolmagy mümkin öýdüp edilýän çaklamany goramak üçin edilýän mekirlikdir. Iuda näme bolanyny Mukaddes Kitap açyk-aýdyň gürrüň berýär — ol Isany haça çüýlejek bolanlaryny görüp, ökünmekden ýaňa özüni asýar (Matta 27:5; Res.iş.1:18). 2. Hudaý Isanyň şägirtlerinden we ýakynlaryndan ar almadymy? Musulman çalyşmaklyk nazarýetiniň garşysyna başga göze görnüp duran garşylyk — bu haça çüýlenmäniň haçyň daşyna ýygnananlara eden täsiridir. Isanyň ejesi Merýem, ejesiniň uýasy, Kleopasyň aýaly Merýem we Isanyň iki sany iň ýakyn şägirdi — Magdalaly Merýem we Zebedeýiň ogly Ýahýa «Isanyň haçynyň ýanynda durdy» (Ýahýa 19:25). Eger haça çüýlenen adam edil Isa meňzeş bolan bolsa, onda hemmeler hakykatdanam şol hasaplardylar. Näme üçin Hudaý Isanyň iň ýakyn adamlaryny Onuň ölümiň öň ýanynda çeken ezýetlerini görmäge mejbur etdi? Eýsem, Hudaý Gurhanda ady agzalýan ýeke-täk aýala, yslamda şeýle hormat goýulýan Isanyň ejesi Merýeme (3-nji süre 36-njy aýat; 19-njy süre 16-njy aýat) Öz döreden göze görünmesi sebäpli şeýle sütem çekmäge ýol berermidi? Isa haçda duran ýerinden Merýeme we Ýahýa ýüzlenýär. Ýahýa Onuň sözlerini şeýle ýazýar: Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: “Eý hatyn, ine seniň ogluň” diýdi. Onsoň şägirde: “Ine seniň ejeň” diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy. Ýahýa 19:26–27 Bu Isanyň haçda duran wagty aýdan ýedi sözleminiň biridi. Bu bolsa haça çüýleneniň diňe Isa meňzeş bolman, eýsem edil Onuň Özi ýaly gürländigini görkezýär. Diňe Isa şeýle nebsiagyryjylyk bilen öz ejesine seredip biler. Başga adam bolan bolsa, onda haçda çüýlengi duran ýerinden ýalňyşylyp çüýlenendigini aýdyp, gygyrar durardy. Hakykaty örboýuna galdyrmak üçin musulmanlardan bir zat — haça çüýleneniň hakykatdanam Isanyň Özüdigini ykrar etmek talap edilýär. 3. Mesihilik Hudaýyň amala aşyran ýalanyna esaslanýarmy? Musulmançylygyň çalyşmaklyk nazarýetiniň garşysyna ýene bir garşy çykmaklyk: eger haça çüýlenen adam Isa meňzeş bolan bolsa, onda olara haça çüýlenen Isadyr öýdeni üçin igenmek bolarmy? Olar gidip, dünýäni günälerinden halas etmek üçin ölen Isa baradaky Hoş Habar üçin meýletin janlaryny berip, haça çüýlenen Mesih barada wagyz etdiler. Olar mesihiligi ýazary Hudaý bolan ýalanyň, hiläniň üstünde gurdumykalar? çalyşmaklyk nazarýeti Hudaýy diniň taryhyndaky iň uly ýalanyň günäkäri edýär. Bu nazarýet — megerem, bütin taryhyň dowamyndaky iň uly ýalňyşlykdyr — on dört asyryň dowamynda ýüz millionlarça musulmanlary ynamsyzlyga gark edip gelýär. Musulmanlara şaýatlyk edende, Mukaddes Kitabyň Isanyň haça çüýlenendigini, haçda ölendigini hem-de üçülenji gün ölümden direlendigini takyk aýdýandygyny bellemek zerurdyr. Iki yglan etme: biri — Mesihiň direlen güni Onuň birnäçe şägirtlerine (aýallara) habar beren perişdäniň aýdany, ikinjisi bolsa — resul Petrusyň müňlerçe ýehudylara aýdanlary bu beýik hakykatlary örän takyk beýan edýär: Perişde aýallara diýdi: “Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Tiz gidip şägirtlerine: “Isa ölümden direlipdir; ine, sizden öň Jejilä barýar. Ony ol ýerde görersiňiz” diýiň. Ine, men size aýtdym”». Matta 28:5–7 Hudaýyň berk islegi, öňünden bilmegi bilen eliňize berlen bu adamy siz kanunsyzlaryň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. Emma Hudaý ölüm agyrylaryny çözüp, Ony direltdi; sebäbi ölümiň Ony saklamagy mümkin däldi. Res.iş. 2:23–24 Mesihileriň Hoş Habary Hudaýy şöhratlandyrýar. Onuň ýekeje Ogly Isa Mesihiň haça çüýlenmesi, ölümi we direlişi — Hudaýyň bize bolan söýgüsiniň beýik subutnamasydyr. Bu baky durmuşa gapydyr. Bu biziň bagyşlanmamyzyň we halas bolmamyzyň çeşmesidir. Isanyň ýerine başga biriniň haça çüýlenendigini tassyklaýan musulman nazarýeti manysyzdyr. Ejir çekdiriji jeza, ähtimal, ýeke-täk maksat bilen — bigünä adamy wagşylyk bilen gynamak, Isanyň yzyna eýerijileri aldamak, şeydip ýalana esaslanýan dini gurmak bolup geçýär. Bularyň hemmesi-de Allanyň Özüniň islegi bilen bolýar. Bu akyla sygjak zat däl! 4.5. Gurhandaky huşuny ýitirme ýagdaýynyň nazarýeti Musulman: Eger hakykatdanam, Isa haçda çüýlenen bolaýanda-da, Ony ölmän, haçdan huşuny ýitiren ýagdaýynda düşüripdirler. Ol şondan soň Özüne gelip, köplere görünýär — şu ýerden hem Onuň ölümden direlendigi baradaky ýalan gelip çykýar. Çalyşmaklyk nazarýetiniň güýçsüzligi birnäçe musulman ýazyjylaryny Mukaddes Kitapdaky Mesihiň haça çüýlenme şaýatlygyna hüjüm etmäge itekledi. Olar şeýdip huşuny ýitirme nazarýeti hökmünde belli bolan pikiri subut etmäge çalyşýarlar. Bu köne pyrryldagy Ahmediýa hereketi (yslamyň bir ugry) XIX asyrda Hindistanda ýaşap geçen öz «pygamberi» Mürze Gülemiň üsti bilen ýaýratdy. Pakistanda 1974-nji ýylda Ahmediýanyň yzyna eýerijileriň musulman däl diýip yglan edilendigini bilmek gerek. Şolaryň nazarýetini käwagt musulman ýazarlary Hoş Habary tankyt etmäge gabat gelýän serişde hökmünde ulanýarlar. Ahmediýa hereketiniň huşuny ýitirme nazarýetini subut edýän birnäçe subutnamsy Huşuny ýitirme nazarýetiniň tarapdarlary Mesihiň ölümini tassyklaýan Hoş Habaryň aýatlaryndan äsgermezlik bilen özlerine amatly bolmagy üçin, belli bir bölejikleri saýlap alyp, olary sözlerden aýryp, özlerine düşündiriş berýärler. Şeýdip, olar okyjylaryň aňyna Isanyň haça çüýlenenden soň ölmän galandygyny duýmak isleýärler. Meşhur bolan birnäçe mysallara seredeliň. 1. «Isa Özüni halas etmegini sorap, Hudaýa dileg etdi». Isa tussag edilmeziniň öň ýanynda Getsemani bagynda dileg edip: «...Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň isleýşim ýäly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» (Matta 26:39) diýýär. Dilegine jogap hökmünde Onuň ýanyna perişde iberilýär (Luka 22:43). Musulmanlar perişdäniň Isanyň ýanyna ölümden halas edilýändigini habar bermek üçin iberilendigini nygtaýarlar. Isanyň Öz öňünde duran haça çüýlenmäniň ölüm halyna çenli elhençlikleriniň baryny çekip, diňe haçdan düşürilende öli ýaly bolup görünjegi üçin, halas edilen bolmak pikiri bilen nädip köşeşip bilýändigine düşünmek gaty kyn. Çalyşmaklyk nazarýeti-de şundan manylyrak! Eger Hudaý Öz Ogluny ölümden halas etmek islän bolsa, onda Ony ölümiň öň ýanyndaky ezýetlerdenem halas etmezmidi? Näme üçin Ol Ony ejir çekenden soň halas edýär? Islendik ýagdaýda-da, Isa şol gije Iýerusalimden gaçyp gidip, tussag edilmeden sypyp bilerdi, sebäbi Ol Iudanyň Özüni satjagyny bilýärdi (Ýahýa 18:4). Isany Öz Atasyndan daşlaşdyrylan bolma pikiri ezýärdi, sebäbi Ol biziň günälerimiz üçin Atasynyň gazabyny Öz üstüne alypdy. Bu bolsa, Onuň bedenini ganly derden dolduran mukaddes gorkudy (Luka 22:44). Günäniň patyşalygynda Atasy tarapyndan taşlanan bolmak we munuň jezasyny şol ýerde çekmek Isany gorky içinde Atasynyň erkine boýun bolmaga mejbur etdi. Perişdäniň Isa beren güýji adamzat taryhynda deňi-taýy bolmadyk zalym synaga döz gelmäge kömek etmelidi. Isanyň ölümden direlmegi Onuň ölümden halas edilmeginden has ajaýyp zatdyr. 2. «Ýüzbaşy Isanyň ölendigine ynamly däldi». Şu nazarýetde uly ähmyýet aşakdaky delile berilýär, ýagny şol gün haça çüýlenenleriň iinjiklerini döwmäge gelen rim esgerleri üçüsiniň içinden Isanyň eýýäm ölendigini görüp, Oňa degmediler (Ýahýa 19:33). Esgerleriň diňe duýga bil baglap, Isanyň hakykatdan hem ölendigine göz ýetirjek bolup, azara-da galmandyklary aýdylýar. Ýöne şeýle işlerde esgerler hiç haçanam duýga bil baglamaýardylar! Aşakdaky aýatlara seredip göreliň. Pilatus Onuň eýýäm ölenine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: “Ölenine köp wagt boldumy? ” diýip sorady. Muny ýüzbaşydan bilensoň, meýidi Ýusuba berdi. Markus 15:44–45 Rim hökümdary ýüzbaşynyň sözlerini eşidende, göwnühoş boldy. Şeýle ýagdaýda ýalňyşmak Rim esgeriniň başyna ölüm getirerdi. Şol şäherde biraz soňrak resul Pawlus tussaglykdan gaçanda, ony goramaga goýlan garawul öldürilýär (Res.iş. 12:19). Pawlus bilen Silas gaçandyr öýden garawul «özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy» (Res.iş. 16:27). Tussagyň gaçanyna ýol bereni üçin ölüm jezasy berilýärdi. Geleňsizligi sebäpli tussag edilene gaçmaga mümkinçilik bereni üçin ýüzbaşy, ine, nämä garaşmaly bolardy. Ýüzbaşy Isanyň haçdaky ölüminiň iň ynamdar şaýady! Esgerleriň biri Isanyň ölendigine göz ýetirjek bolup, Onuň böwrüne naýzany sançýar (Ýahýa 19:34). Isany öldürmek üçin şunuň özi-de ýeterlikdir. 3. Ýehudylar Isanyň ölendigine şübhelendiler. Başga bir adaty delil: Isa haçdan düşürilende, entek diridir öýdüp birahat bolan ýehudylar Onuň ömürlik jaýlanandygyna ynamly bolmak üçin mazary möhürlemegi haýyş etjek bolup, Pilatusyň ýanyna barýarlar. Olaryň delilleri aşakdaky sözlere esaslanýardy: Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: “Men üç günden soň direlerin” diýip aýdany biziň ýadymyzda. Matta 27:63 Bu deliller ýehudylaryň Isanyň sagalan bolaýmagy mümkin bolandygy baradaky pikirden daş bolandygyny görkezýän wakanyň sözlerini äsgermezlik edýär — olar şägirtleriň gelip, Isanyň jesedini ogurlap, soňundan hem Onuň ölümden direlendigini yglan etmeklerinden howatyr edýärdiler (Matta 27:64). Aýatlaryň ikisinde-de ýehudylaryň hakykatdanam howatyrlanandygy açyk-aýdyň görnüp dur. Birinjiden, olar Isanyň «entek dirikä» aýdan sözlerini aýtmak bilen, Onuň ölenine doly ynanýandyklaryny görkezýär. Ikinjiden, olar Isanyň ölenden soň üçünji gün direljegini aýdyp, köp gaýtalap eden pygamberligine laýyklykda hereket etdiler (Luka 9:22). Jezalandyrylmanyň ahyrynda Isanyň huşsuz ýagdaýda bolandygy baradaky nazarýet hemme taraplaýyn manysyzdyr. Bu taglymat setirleriň dykgatly barlagyna däl-de, setirleriň arasyndaky okalyşa daýanýar. Bu nazarýet diňe bir maksada — çalşyrylmak nazarýetiniň nähili bulaşykdygyny we musulmanlaryň Mukaddes Kitabyň üstüne çozuşlarynda näderejede uzaga gidýändiklerini görkezmeklige gulluk edýär. 4.6. Ýunusyň alamaty hakykatynda nämäni aňladýar? Musulman: Isa Ýunusyň alamaty barada ýehudylara berlen ýeke-täk alamat hökmünde aýtdy. Ýöne Ýunus balygyň içinde ölmedi, Isa bolsa, Öz pygamberliginiň garşysyna, mazarda üç gije we üç gündizi geçirdi. Musulmanlar huşuny ýitirme nazarýetini öňe sürmek we Isanyň Ýunusyň ummanyň jümmüşinde geçiren wagty bilen Özüniň jaýlanyp, ýeriň içinde bolandygyny görkezip, getiren deňeşdirmesini ret etmek üçin, delil hökmünde Ýunusyň alamatyny bilgeşleýin saýlap alýarlar. Musulman dünýäsine belli bolan iki delile seredip geçeliň. Isa gabyrda ölümidi ýa-da diri? Ýunusyň synag döwrüniň dowamynda diri bolandygy sübhesiz. Gury ýere taşlananda onuň ölümden direlendigi hiç haçanam çak edilmändi. Musulmanlaryň tassyklamasyna görä, Isa-da gowagyň agzyndan daş aýrylýança diri ýatan bolmaly. Eger şeýle bolmadyk bolsa, onda näme üçin Ol Ýunusyň başdan geçirmesini Özüniň ölümden direlişiniň alamaty hökmünde ulanýar? Ýöne Isanyň bu baradaky sözlerini okanymyzda, meňzeşligiň wagt dogrusyndadygy düşnükli bolýar: Çünki Ýunusyň üç gije-gündiz bir balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Matta 12:40 Wakalaryň meňzeşliginiň wagt babatdadygy göze dürtülip dur. Isa we Ýunus bir meňzeş wagtyň dowamynda adam nazaryndan gizlin boldular. Şondan soň Ýunusyň balygyň içinden, Isanyň bolsa gabyrdan peýda boluşlary ýokary derejedäki mümkin bolmadyk zat boldy. Bu soragy olaryň her haýsysynyň ýagdaýynyň içinde jemläp: «Eger Ýunus diri bolan bolsa, diýmek, Isa-da diri bolandyr» diýer ýaly derejä çenli giňeltmek mümkin däl. Bu Isanyň geljekde boljak ölümden direlmäniň manysynda Öz ölümi bilen Köne Äht wakasynyň arasyndaky meňzeşligi getirip aýdan başga bir sözünden görnüp dur: Musanyň ýylany çölde ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Ýahýa 3:14 Bu ýerde meňzeşligiň obýektiň ýagdaýynda jemlenendigi görnüp dur — olar ýokaryk galdyrylan we paralanan: ýylan syrykda, Isa bolsa haçda. Birinjisi ýylan çakan adamlaryň gutulmagy üçin, ikinjisi bolsa, günä bilen baglanan halkyň gutulmagy üçin galdyrylan. Bu ýagdaýda ýylan misden edilendi, ol hiç haçan diri bolmandy. Ony syryga çüýlänlerinde-de, aýranlarynda-da diri däldi. Eger musulmanlaryň deňeşdirmesine eýersek, onda bu Isa entek haça çüýlenmänkä öli bolandygyny aňladýar! Her ýagdaýda-da deňeşdirilen obýektleriň öli ýa-da diri ýagdaýyň Isanyň üns beren soragyna dahylly däldigi aýdyň görnüp dur. Üç gün we üç gije Mesihileriň hemmesi-de Isanyň bäşinji gün haça çüýlenip, üç günden soň irden ölümden direlendigi baradaky pikirde birleşýärler. Musulmanlar şeýle nygtaýarlar: «Eger bu hakykatdanam şeýle bolan bolsa, onda Ýunusyň alamatynyň hiç hili manysy ýok, sebäbi ol balygyň içinde üç gije we üç gündiz bolupdyr. Isanyň bolsa gabyrda iki gije (şenbe we ýekşenbe gününe geçen gijesi) tas üç gün bolandygy görnüp dur. Üç gijäniň we üç günüň dowamlylygy 72 sagatdan ybarat. Isa bolsa gabyrda 33 sagatdan köp bolmady (anna gün sagat 3-den ýekşenbe irden sagat 6-a çenli). Musulmanlar ýewreý dilindäki 1-nji asyr bilen iňlis dilindäki XX asyryň arasyndaky uly tapawudy ünsden düşürýärler. Şol wagtlar ýewreýler wagt hasaplanlarynda, günüň islendik wagtyny-da bütin gün hasabynda alypdyrlar. Isa gabyra anna gün goýuldy, ol ýerde ýekşenbe-de ýatdy we ýekşenbe gün dogmazdan öň direldi. Ýewreý senenamasynda ýekşenbe öňündäki günüň gün ýaşmasyndan soň başlanýandygy üçin Isa gabyrda göni üç günüň dowamynda boldy. Mesele näme üçin iki gije bolandygynda. Şol döwrüň ýewreý gepleşik diliniň aýratynlyklaryna üns bermek wajyp. Häzirki zaman iňlis dilinde «iki gije we iki gündiz» sözi hiç haçanam ulanylmaýar. Şonuň üçin onuň manysyny gadymy ýehudylaryň ulanan sözlerinden görmeli. Häzirki döwürde biz «men iki hepdeläp bolmaýaryn», ýagny wagtyň takyk bir bölegini, on dört gije we on dört gündiz diýip aňlatjak bolman aýdýarys. Emma Mukaddes Kitap bu şekilli jümläni ýygy-ýygydan ulanýar. Musa kyrk gündiziň we kyrk gijäniň dowamynda dagyň üstünde boldy (Çykyş 24:18), dostlary syrkaw Eýýubyň ýanynda ýedi gije we ýedi gündiz boldular (Eýýup 2:13). Ýehudylar takyk bir wagt barada aýdanlarynda, hiç haçan «üç gündiz we iki gije» ýa-da «ýedi gündiz we alty gije» diýip aýtmazdylar. Bu ýerde Isa Ýunusyň deňiz çuňlugynda bolan döwri barada «üç gün» diýip aýdýar. Muňa Köne Ähtden ajaýyp mysal getirmek bolar. Şa aýaly Ester «üç günläp, gündiz-de, gije-de» hiç zat iýmeli däl diýip buýruk berýär (Ester 4:16). Şeýle-de bolsa, bary-ýogy iki gije geçenden soň üçünji gün onuň özi patyşanyň öýüne gitdi. Şeýdip oraza gutardy. «Üç gün we üç gije» jümlesi — bu öz içine üç günlük döwri alýan wagty aňladýan ýehudy jümlesidir. Bu ýehudylaryň Isa jaýlanandan soň Onuň öňki aýdan sözlerine üns berişlerindenem görnüp dur. Üç günden soň Özüniň direljegini Isanyň aýdandygynyň ýatlaryna düşendigini aýtmak üçin Pilatusyň ýanyna baryp, olar ondan gabryň agzyna üç güne çenli garawul goýmagyny talap edýärler (Matta 27:64). Haça çüýlenmäniň ertesi (şenbe güni) bir gije geçenden soň olar hökümdary haýal etmän hereket edip başlamaga mejbur etdiler. Özümiziň häzirki zaman gepleşik dilimize esaslanyp, Isanyň üç günden soňky direliş barada aýdanynda dördünji güni göz öňünde tutandygyny ýa-da tutmandygyny, elbetde, özümiz çözmeli. Ýehudylar, elbetde, Isa üçülenji güni, ýagny iki gijeden soňy göz öňünde tutýar diýip düşündiler. Ine, näme üçin olar gabryň üçünji güne çenli goralmagynyň aladasyny etdiler. Şägirtleri Isanyň üçünji gün ölümden direlendigini habar berenlerinde, bu tassyklamanyň Isanyň üç gije we üç gündiz (Res.iş. 10:40) ýeriň bagrynda galjakdygy baradaky Mesihiň sözlerine gabat gelmeýändigini aýdyp, hiç kim garşy çykmaga çalyşjagam bolmady. Ahyrynda bir zady aýtmak wajypdyr: musulmanlar Ýunusyň alamaty baradaky soragy galdyranlarynda, bu alamatyň esasynda nämäni aňladýandygyna şaýatlyk etmäge mümkinçilik berýär. Ol haçdaky ölümiň we üç gün geçenden soňky direlşiň nyşanydyr. 5. MUKADDES KITAP MUHAMMET PYGAMBER BARADA MUSULMANLAR TARAPYNDAN MUKADDES KITABYŇ TEKSTLERINDEN ALNAN DELILLER 5.1. Kanun Taglymatynyň 18-nji babyndaky Musa meňzeş pygamber Musulman: Hakyky Töwrat biziň mukaddes Pygamberimiziň geljegi babatda aýdyň welilikler edýär. Olaryň biri abat galyp, Kanun Taglymatynyň 18-nji babynda ýerleşýär. Ol ýerde Musa edil özüne meňzeş bir pygamberiň geljegini öňünden aýdýar. Musulmanlaryň mesihiler bilen söhbetdeşlikde mesihiligiň garşysyna öňe sürýän esasy delilleriniň biri-de Mukaddes Kitabyň Muhammet baradaky pygamberligini görkezmegidir. Gürrüň Gurhanda öz pygamberleriniň geljegini gadymy pygamberleriň welilik edendigini subut edýän aýatlaryň bolmagy, musulman alymlarynda Köne we Täze Ähtlerden şol aýatlary gözlmäge isleg döredendigi barada barýar: ...öz Töwradynda we Injilinde ýazylan goýberileniň, pygamberiň, sada kişiniň yzyna eýerdiler... 7-nji süre 157-nji aýat Bu sorag boýunça ýazylan musulmanlaryň käbir kitaplary Köne Ähtden köp aýatlary, Täze Ähtden bir-iki sany aýady mysal getirýärler. Emma musulmanlar bilen adaty gürrüňdeşlikde, düzgün bolşy ýaly, diňe belli bolan iki mysal getirilýär. Iki ýagdaýda-da mesihiler şol aýatlaryň Isa we Mukaddes Ruha degişlidigini şübhesiz görerler. Bu bapda biz şolara seredip geçeris. Musulmanlaryň Musa meňzeş pygamber baradaky pikiri Musulmanlaryň aýtmaklaryna görä, öz pygamberleriniň geljegi baradaky welilik Hudaýyň Musa ýüzlenýän aýadynda ýazylypdyr: Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. Kanunyň Taglymaty 18:18 Birinji delil şeýle: elbetde, Muhammet Musa meňzeş pygamber, sebäbi onuň Musa bilen hiç kimde bolmadyk meňzeş taraplary bar. Mesihileriň bu weliligi Isa degişli edýändigi üçin musulmanlar Musanyň, Isanyň we Muhammediň arasynda deňeşdirme geçirmegi teklip edýärler. Pikir alyşygyň gidişi, düzgün bolşy ýaly, aşaky görnüşde: 1. Musa we Muhammet bir meňzeş durmuşda ýaşapdyrlar. Durmuşynda hemme zady ajaýyp bolan Isadan tapawutlylykda, Musa bilen Muhammediň durmuşy adaty ýagdaýda geçdi. Olaryň ikisiniňem ata-enesi bardy. Isa bolsa Gyzdan doguldy. Onuň adamlaryň içinde atasy ýokdy. Musa bilen Muhammet bütin durmuş ýoluny geçip, adaty ölüm bilen öldi. Isa Mukaddes Kitaba laýyklykda, bary-ýogy 33 ýaşynda pajygaly ölüm bilen öldi. Musa bilen Muhammet öýlenipdir, Isa bolsa bütin ömrüne sallah bolup geçipdir. Şeýlelikde Musa meňzeş bolup gelmeli pygamber Muhammet bolýar. 2. Musa bilen Muhammet öz halklarynyň serdary bolupdyr. Ýehudylar we araplar özlerinden ýüz öwrenlerinden soň Musa we Muhammet ömürleriniň soňky ýyllarynda öz halklarynyň syýasy we dini ýolbaşçysy bolupdyr. Olar jedelsiz hökümdar bolup dünýäden ötdüler. Isanyň bolsa, bary-ýagy birnäçe şägirdi bolup, ömrüniň ahyrynda ruhanylar we halk tarapyndan ret edildi. 3. Palestinany basyp alanlar — Musanyň we Muhammediň yzyny dowam etdirijilerdir. Musa we Muhammet ölenlerinden köp wagt geçmänkä, olaryň yzyny dowam etdirijiler öz goşunlaryny Palestina alyp baryp, ony basyp alýarlar. Belli bolşy ýaly, Ýeşuwa Hanany basyp alyp, şol ýerde, soňy bilen Ysraýyl topragy bolan ýurtda ýewreýleri ýerleşdirdi. Muhammetden soňky ikinji halyf bolan Omar hem şol ýeri yslam üçin basyp alyp, ol ýerde araplary ýerleşdirýär. Olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. Isa bolsa, Iýerusalimden kowlup, rimliler tarapyndan öldürildi. Rimliler ol ýurtda soňam birnäçe asyrlaryň dowamynda häkimlik sürmegini dowam etdirdiler. Şuňa meňzeş deliller Mukaddes Kitapda geljegi welilik edilen pygamberiň Isa däl-de, Muhammetdigini subut etmek üçin öňe sürülýär. Adaty bolmadyk pygamberiň esasy aýratynlyklary Musa — Hudaý bilen Ysraýyl halkynyň arasynda äht baglaşmak tabşyrylan beýik derejeli pygamberdir. Oňa meňzeş bolmaly pygamberiňem, elbetde, başga hiç bir pygamberiňkä meňzeş bolmadyk aýratynlyklara eýe bolmagy gerek. Mesihilerem edil musulmanlar ýaly, Musanyň we Isanyň öz hyzmatlaryny ýerine ýetirmekleri üçin Müsüri taşlamaly bolandyklaryny tassyklap bilerler. Muhammet bolsa, hiç haçanam beýle iş etmändi. Mukaddes Kitap Musa barada: «...iman arkaly Müsüri terk etdi» (Ýewr. 11:27) diýýär. Isa barada bolsa: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» (Matta 2:15) diýýär. Musanyň pygamberlik hyzmatynyň esasy aýratynyklary nähili? Olara seredip geçeliň. 1. Musa ähtiň araçysy boldy. Öz içinde pygamberligi saklaýan aýatda Hudaýyň Ysraýyl halkyna Musa meňzeş Pygamberi goýbermek niýetiniň bardygyny habar berşini okaýarys: «Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip... diýipdiňiz» (Kanunyň Taglymaty 18:16), ýagny Hudaýyň özleri bilen araçy arkaly gürleşmegini haýyş edende, Hudaý şeýle wada beripdi. Musa Hudaýyň Öz halky bilen arasyndaky ähtiň baglanyşylmagyna gatnaşdy. Şondan soň halka On tabşyryk we Kanun berildi. Musa gurbanlyk berlen mallryň ganyny Kanun Kitabynyň, çadyryň we ybadathanada ulanylýan ähli gap-gaçlaryň üstüne sepip: «Bu Hudaýyň size buýran ähtiniň ganydyr» diýýär (Ýewr. 9:20). 2. Musa Hudaý bilen ýüzbe-ýüz gürleşdi. Musa Hudaý bilen aýratyn gatnaşyklarda boldy. Hudaý kyrk ýylyň dowamynda onuň bilen irginsiz gürleşdi. Hudaý ondan başga hiç bir pygamber bilenem şunuň ýaly gürleşmedi. Mukaddes Kitapda şeýle sözlere duş gelýäris: Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Çykyş 33:11 Gurhan bu aragatnaşyklaryň aýratynlyklaryny tassyklap: «Alla Musa bilen gürläp gepleşdi» (süre 4.164) diýýär. Gurhan başga bir aýatda şu aýadyň garşysyna: «Allanyň adam bilen gürleşen ýeri ýokdur» (sura 42.51) diýmek bilen çykýar. Şonuň üçin biz Musa ýaly Hudaý bilen adaty bolmadyk gatnaşykda bolan pygamberi gözlemeli. 3. Musa beýik mugjyzalar görkezdi. Musa köp ýyllaryň dowamynda Müsüriň üstüne köp betbagtçylyklar getirip, Gyzyl deňzi ikä bölüp, öz halkyny gökden berlen manna bilen her gün üpjün edip, köp sanly mugjyzalar görkezdi. Şunuň ýaly beýik mugjyzalary görkezmedik hiç bir pygamberi-de Musa meňzeş hasaplap bolmaz. Biziň eýýäm görşümiz ýaly, Gurhana laýyklykda, Muhammet ýekeje-de mugjyza görkezmedi. Bu babatda onuň garşysyna butparaz araplaryň öňe süren günäkärlemesi örän göze ilgiçdir: Näme üçin oňa Musa berlen zatlar berilmändir? 28-nji süre 48-nji aýat Delil gysgajyk şu aşakdaka syrygýar: eger Muhammet hakykatdanam beýik pygamber bolan bolsa, onda näme üçin ol özüniň pygamberlik gullugynyň esasy alamatlarynda Musa meňzeş däl? Muhammet äht baglaşylanda araçy bolmady, Hudaý bilen ýüzbe-ýüz gürleşmedi (hadyslardaky ýazgylara we 2-nji süre 97-nji aýada laýyklykda (Gurhan oňa Jebraýyl perişdäniň üsti bilen berlipdir), hiç hili mugjyza-da görkezmedi. Şeýlelikde, ol Kanun Taglymatyndaky 18:18 geljegi welilik edilen pygamber bolup bilmeýär. Musanyň ömrüniň ahyryndaky hyzmatyny suratlandyrýan aýat, onuň pygamberlik işiniň ýeke-täkdigini belleýär: Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady. Reb ony Müsürde fyrowna, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna birtopar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi. Kanunyň Taglymaty 34:10–11 Şu aýatdan görnüşi ýaly, Musa meňzeş bolup gelmeli pygamberi, hiç bolmanda, onuň Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklary, hyzmatynda ýüze çykan köp sanly mugjyzalary boýunça kesgitlemek bolar. Şeýle pygamberiň diňe Isa bolup biljekdigini indiki bapda göreris. 5.2. Isa — Musanyň welilik eden pygamberi Musulman: Musanyň welilik eden pygamberiniň Isadygyny siz näme bilen subut edip bilersiňiz? Isa beýik pygamber bolupdyrmy? Emma Onuň hyzmaty şowsuzlyk bilen gutardy. Ol Musanyň we Muhammediň beýik bolşy ýaly beýik bolup bilmedi. Kanunyň Taglymaty 18:18-de berlen pygamberligiň Isa degişlidigini Mukaddes Kitabyň örän takyk görkezýändigini iki wakany mysal getirip, musulmanlara gürrüňdeşligiň başynda görkezmek wajypdyr. Resul Petrus Isanyň geljegini Hudaýyň ähli pygamberleriniň üsti bilen öňünden habar berenini aýdanda, Musanyň Isa hakynda pygamberlik edendiginiň subutnamasy hökmünde şu aýady getirýär (Res.iş. 3:22). Sütem edilen ilkinji mesihi görgi görüji bolan Stefanus hem Musanyň Isa barada pygamberlik edendigini subut etmek üçin şu teksti ulanýar, ýagny haça çüýlenen Isanyň «geljegini öňünden yglan edenleriň» (Res.iş. 7:52) biriniň Musadygyny subut edende, şu tekste ýüzlenýärler. Indi Isanyň şahsyýetiniň biziň agzap geçen üç sany aýratynlygymyza nä derejede gabat gelýändigini göreris. Täze Ähtiň araçysy Käwagt musulmanlar, mesihilik taglymatyna laýyklykda, Hudaýyň Ogly bolmak bilen Isanyň sözüň adaty manysynda pygamber bolup bilmejegini aýdýarlar. Muňa jogap edip, Mukaddes Kitapdan Isanyň Özüni pygamber (Matta 13:57) we Hudaýyň Ogly (Ýahýa 10:36) diýip atlandyran aýatlaryny getirmek bolar. Ol Hudaýyň Sözüni habar bermek üçin adam keşbine girdi, hut şonuň üçin hem Ondan öň gelip geçen pygamberler Ony sözüň hakyky manysynda pygamber hasapladylar. Indi Onuň nä derejede Musa meňzeş pygamber bolandygyna serederis. 1. Isa-da ähtiň araçysy boldy. Musa ölenden köp asyr geçenden soň, ýöne Isa gelmezinden köp wagt öň, Ýeremiýa pygamberiň zamanynda Hudaý Öz halky bilen täze äht baglaşmaga wada berdi. Ysraýyl halkynyň hemişe Onuň kanunlaryny bozup ýörendigi üçin Hudaý Musa bilen baglaşan, könelen we güýjüni ýitiren ilkinji ähtini güýçsüz etdi. Ýöne Öz halky bilen aýratyn aragatnaşygy dikeltmegi — halkyň günäsini bagyşlamagy, Öz kanunyny olaryň ýüregine ýazmagy wada etdi (Ýerem. 31:31–34). Täze Äht Isany şu ähtiň araçysy diýip yglan edýär (Ýewr. 9:15). Birinji ähti berkitmek üçin näme edilendigi barada biz Mukaddes Kitapdan okaýarys: Musa gany alyp, halkyň üstüne serpdi we olara: “Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr” diýdi. Çykyş 24:8 Birinji ähtiň Musanyň araçy bolmagy we gan bilen berkidilip baglaşylandygy üçin, Musa meňzeş pygamberiňem edil şunuň ýaly etmegine garaşylýar. Isa ölüminiň öň ýanynda şeýle diýdi: Bu käse Meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir; her gezek içeňizde, Meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň. 1 Korint. 11:25 2. Isa-da Hudaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Musanyň Hudaýy tanap, Onuň bilen gürleşişi ýaly, Isa-da: «Men Ony tanaýaryn, çünki Men Ondan, Meni iberen Ol» (Ýahýa 7:29) diýip aýdyp bildi. Mundan başga-da köp ýagdaýlarda Hudaýy ýüzbe-ýüz görendigini aýtdy. Mysal üçin: «Bu — biri Atany görendir diýildigi däldir, Atany diňe Hudaýdan gelen görendir» (Ýahýa 6:46). Iki pygamberiň iň ynandyryjy deňeşdirmesini Musanyň we Isanyň Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklarynyň netijeleri barada gürrüň berýän iki aýatda görýäris. Birinjisi, Musa Hudaý bilen ýüzbe-ýüz gürleşende, näme bolandygy barada gürrüň berýär: ...Hudaý bilen gepleşendigi üçin onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy. Çykyş 34:29 Hudaý Isa barada Özüniň söýgüli Ogly hökmünde aýdanda, Isada görünmez Hudaýyň keşbi açyldy: Olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-eşigi yşyk ýaly agardy. Matta 17:2 Başga hiç bir pygamberem şunuň ýaly adaty bolmadyk ýagdaýa dalaş edip bilmedi. Başga hiç kim Hudaý bilen ýüzbe-ýüz gürleşmedi, Onuň bilen gürleşenden soň hiç kimiňem ýüzi Gün kimin parlamady. Gurhanda-da, beýleki musulman kitaplarynyň hiç birinde-de Muhammediň şuňa meňzeş zady başdan geçirendigi aýdylmaýar. 3. Isa-da uly mugjyzalar görkezdi. Isanyň ýerde ýaşan wagty köp mugjyzalar görkezendigi barada köp ýazgylar bar. Ýene-de Musa bilen göni meňzeşlik olaryň arasyndaky birmeňzeşligi bellemäge kömek edýär. Olaryň ikisiniňem deňze buýruk bermäge ygtyýary bardy. Başga hiç bir pygamberem bu güýçde bäsdeşlige het edip bilmedi. Soňra Musa elindäki taýagyny deňze ýetirdi. Reb bolsa... deňziň suwlaryny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suwlar ikä bölündi. Çykyş 14:21 Başga pygamberleriň derýalaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýary bardy (Ýeşuwa 3:13, 2 Patyş.2:14), emma beýik mugjyzada Musadan öňe hiç kim geçip bilmedi. Diňe Isa Jelile kölünde bir agşam güýçli gom turanda, bary-ýogy iki söz bilen: «Sem bol, dek otur» diýip, ony köşeşdirdi (Markus 4:39). Onuň şägirtleri geňirgenişip, şeýle diýdiler: Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar. Matta 8:27 Musanyň iň beýik mugjyzalarynyň biri — Sinaý çölünde Ysraýyl halkyny her gün ýeriň ýüzünde peýda bolýan, manna hökmünde belli bolan, gökden inen çörek bilen doýurmagydyr. Ýehudylar Isanyň bäş çörek we iki sany balyk bilen aýallardyr çagalardan başga bäş müň adamy doýrup, ýene-de on iki sebet iýmiti artdyryp galdyranyny görende, derrew Musanyň pygamberligini ýatladylar: Isanyň bu alamatyny gören halaýyk: “Hakykatdan-da gelmeli pygamber Şudur” diýişdiler. Ýahýa 6:14 Mugjyzanyň şaýady bolanlar Isany Musanyň Kanun Taglymaty 18:18-de welilik edip aýdan pygamberi diýip yglan etdiler. Bu şaýatlyklar Musanyň geljegini pygamberlik edip aýdan pygamberiniň Muhammet däl-de, Isadygyna hiç hili şübhe goýmaýar. Kanun Taglymaty 34:10–11-de agzalyp geçilýän aýratynlyklara degişli şaýatlyklar Hudaýyň Ysraýyl halkyna wada beren pygamberiniň Isadygyny gutarnykly subut edýär. 5.3. Öz doganlarynyň arasyndan pygamber Musulman: Wada öz doganlarynyň arasyndan cykjak pygamber barada bolupdy. Ybraýymyň iki ogly bardy. Olar Ysmaýyl we Yshakdy. Şeýlelikde ysraýyllylaryň dogany ysmaýyllylar bolýar. Muhammet Ysmaýyldan gelip çykan, şonuň üçin hem wada berlen Pygamber oldur. Kanun Taglymaty 18:18-däki welilik edilen pygamberiň Muhammetdigini subut etmäge synanyşýan musulmanlaryň söýgüli delilleriniň biri-de şudur. Olar «öz doganlarynyň arasyndan» diýen jümlä aýratyn ähmiýet berip, pygamberlikde millet hökmünde ysraýyllylaryň «doganlary» barada aýdylýar diýip çaklaýarlar. Bu aýadyň sözleriniň gysgaça barlagy «doganlar» sözüniň ysmaýyllylary göz öňünde tutmaýandygyny takyk görkezýär. Lewileriň doganlary Kanun Taglymaty 18:18-de ýazylan pygamberlik Hudaýyň Musa Ysraýyl halkynyň, aýratynam ruhanylar tiresiniň, ýagny lewileriň wada edilen ýurda baranynda, özlerini nähili alyp barmalydygyna degişli görkezmäni beren wagtyndaky gürrüňdeşlige girizilen, öz doganlarynyň arasyndan «olara pygamber çykarjakdygy» barada aýdanda, Hudaýyň kimi göz öňünde tutandygy babyň ilkinji iki aýadyna seredende düşnükli bolýar: Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler. Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mirasydyr. Kanun. Taglymaty 18:1–2 Şu ýerde «olar» sözüniň lewileri aňladýandygy, «doganlar» sözüniň Ysraýylyň beýleki tirelerini aňladýandygy göze dürtülip dur. Düşündirilişiň ak ýürekden bolmazlygy, belki, başga netijeleri berer. Şeýlelikde Kanun Taglymaty 18:18-iň sypaýyçylyk bilen düşündirilişi şeýle: «Men olara (lewilere) öz doganlarynyň (Ysraýylyň beýleki on bir tiresiniň) arasyndan Pygamber çykararyn». Bu aýat ysmaýyllylara degişli edilip bolmaz. Pygamberligi bolsa yslamyň pygamberi Muhammet üçin ulanyp bolmaz. Köne Ähtde «olaryň doganlary» diýen jümle edil şunuň ýaly ýagdaýda köp gabat gelýär we şol jümläniň Ysraýylyň belli bir agzalan tiresinden başga, beýleki tirelerine degişli bolýandygy bellärlikli zat. Şuňa meňzeş mysala şol doganlaryň kimdigine hiç hili şübhe döretmeýän aýatda duş gelýäris: Emma benýamynlar öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler. Ysraýylyň serdarlary 20:13 Bu ýerde «öz doganlary» barada Ysraýyl jemgyýetiniň Benýamyn tiresine degişli bolmadyk agzalary hökmünde takyk aýdylýar. Kanun Taglymaty 18.18-däki söz hem edil şunuň ýaly Ysraýylyň Lewi tiresinden beýleki tirelere degişlidir. Başga bir aýatda Ysraýyl halkyna şeýle diýen Musa barada okanymyzda, aşaky sözlere gabat gelýäris: ...Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň. Kanun Taglymaty 17:15 Ysraýyl halkynyň üstünden patyşa diňe öz doganlarynyň biri bolup bilipdir. Olara öz üstünden ysmaýyllylar ýaly çet ýurtlyny patyşa goýmaga rugsat berilmändir. Bu ýerde «olaryň doganlarynyň» arasyndan gelmeli pygamberiň ysraýylly bolmalydygy, ýöne Lewi tiresinden dälligi nygtalýar. Ýewropada dürli döwletler bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak maksady bilen, başga milletleriň wekillerini tagta çykarmak monarhiýanyň köp asyrlarynyň dowamynda adat bolupdyr. Alman, britan, fransuz, grek şazadalary beýleki döwletleriň şa gyzlary ýa-da şa maşgalasyna degişli beýleki agzalary bilen nikalaşypdyrlar. Emma Ysraýylda başga halkdan öz üstünden patyşa goýmazlyga açyk buýruk bardy. Sebäbi ol daş-töwereginde ýaşaýan butparazlardan tapawutlylykda, Hudaýyň halky hökmünde hemmelerden aýry edilipdi. Isa — «öz doganlarynyň» arasyndan çykarylan pygamber Bizde edil şu sözlerde pygamber hökmünde Isa barada welilik edilendigini subut edýän haýsydyr bir subutnama barmy? Isanyň Dawudyň neslinden, «Ýakubyň ogly Ýahudadan» gelip çykandygyny Täze Äht kesgitli ýazýar (Luka 3:33). Başga bir aýatda: «Rebbimiziň Ýahuda taýpasyndandygy aýdyň» (Ýewr.7:14) diýilýär. Şonuň üçin Isanyň Ysraýylyň beýleki taýpasyndan gelmeli bolan Adamdygy açyk görnüp dur. Biz eýýäm üç şaýatlyga seretdik. Kanun Taglymaty 18-de gürrüňi edilen pygamberiň Isadygyna hiç hili şübhe bolup bilmez. Muhammet pygamberlik hyzmatynyň wajyp şertleriniň hiç birine-de gabat gelmeýär. Musulmanlaryň Muhammediň bähbidine öňe sürýän ýene bir delili çynlakaý tankydyň öňünde durup bilmeýär. Hudaý geljek pygamber barada: «Onuň dillerine Öz sözlerimi goýaryn» diýýär. Muhammede Gurhan açylan we ol ony yzyna eýerijilere beren wagty şol pygamberligiň ýerine ýetendigini musulmanlar nygtaýarlar. Yslam taglymatyna laýyklykda, edil şunuň ýaly ýol bilen Töwrat Musa, Zebur Dawuda, Injil hem Isa açyldy. Şeýlelikde, olaryň her biriniň diline Hudaýyň sözi berilýär. Hudaý Ýeremiýa şeýle diýdi: «...ine, Men seniň dilleriňe Öz sözlerimi goýdum» (Ýerem. 1:9). Hudaý Musa şeýle diýýär: «Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin». Bir gezek Isa Öz şägirtlerine şeýle diýýär: Çünki Men Öz-Özümden geplemedim, Maňa näme aýtmalydygymy, näme sözlemelidigimi Meni iberen Ata buýurdy. Ýahýa 12:49 Ýahýa suwa çümdüriji özüniň Mesih däldigini aýdandan soň ýehudylaryň oňa «Ylýasmyň, eger däl bolsaň, onda pygambermiň» (Ýahýa 1:21) diýip, beren soraglaryndan musulmanlar başga bir delili gözleýärler. Musulmanlar ýehudylaryň Ylýasy, Mesihi we pygamberi aýratyn belländigini, olaryň bolsa, Ýahýa suwa çümdüriji, Isa we Muhammetdigini nygtaýarlar. Emma ýehudylaryň bu çaklamalaryndan hiç zat çykaryp bolmaýar. Bir gezek olar Isa: «Bu hakykatdanam şol geljek pygamberdir» (Ýahýa 7:40) diýdiler. Başga bir gezek olar «pygamberleriň biri» öýtdüler (Matta 16:14), soň ýene-de Ony «pygamber» hasapladylar (Markus 6:15). Şolaryň özleri Ony Ylýasdyr öýtdüler (Markus 6:15), soň bolsa Ýahýa suwa çümdürijiniň özi diýdiler (Matta 16:14). Bu çaklamalar hiç hili gutarnykly netijä getirmeýär. Biziň seredip geçen düşündirişlerimizden soň Kanun Taglymaty 18:18 Musanyň Muhammet däl-de, Mesih barada aýdandygyna hiç hili şübhe bolmaz. 5.4. Isanyň Göwünlik berijini bermek wadasy Musulman: Eýsem Mukaddes Kitaba laýyklykda, Özünden soň başga pygamberiň, Isanyň Göwünlik Beriji diýip atlandyranynyň geljekdigini Mesih aýtmadymy? Bu — mukaddes Pygamber Muhammediň geljegi barada edilen welilik. Gurhan hem bu weliligi tassyklaýar. Mukaddes Kitabyň içinde Muhammet barada pygamberligiň bardygyny aýdanlarynda, musulmanlar Hudaýyň Isadan soň goýberjek Göwünlik Berijisi baradaky Isanyň şägirtlerine beren wadasyna we Ýahýanyň Hoş Habarynda dört gezek agzalan bir şahsyýetine esaslanýarlar. Şol Göwünlik Beriji olary dogry ýola gönükdirmeli eken. Yslamyň ilkinji asyrlaryndan başlap, musulman alymlary şol Göwünlik Berijiniň yslamyň pygamberi Muhammetdigini subut etmäge çalyşýarlar. Musulmanlaryň arasynda wagyz etme işlerini geçirende, mesihileriň iň köp eşitmeli bolýan garşylygy, şübhesiz, şu baradadyr. Hatda şu ýadaýda-da mesihilere hakyky Göwünlik Beriji bolan Mukaddes Ruh barada we Onuň Mesihiň halas etme işini ahyryna çenli dowam etjekdigi barada şaýatlyk etmäge ajaýyp mümkinçilik açylýar. Musulmanlaryň Göwünlik Beriji baradaky pikiri Musulmanlaryň Muhammet pygamberiň geljekdigi baradaky weliligi Injilden we Töwratdan tapyp biljekdiklerini Gurhan aýdýar (4-nji süre 7-nji aýat). Musulmanlar hakykatdanam Isanyň Öz döwründe Muhammediň geljekdigini welilik edip aýdandygy aşakdaky sözlerde jemlenen diýip hasaplaýarlar. Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi — Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň ähli aýdan zatlarymy ýadyňyza salar. Ýahýa 14:26 Muňa garamazdan, Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. Ýahýa 16:7 Bu aýatlaryň ikisi hem Isanyň haça çüýlenmeziniň öň ýanyndaky soňky gije şägirtleri bilen eden gürrüňinden alyndy. Şol gürrüňde ýöne başga bir zat barada gürrüň berende-de, Ol ýene-de Göwünlik Berijini agzaýar (Ýahýa 14:16, 15:26). Şonda Onuň şübhesiz Muhammet barada aýdandygyny tassyklamak üçin musulmanlar aşakdaky delilleri getirýärler. 1. Muhammet dünýäni diňe hakykata gönükdirdi. Isanyň Göwünlik Beriji baradaky «sizi hakykata gönükdirer» diýen sözleriniň öz pygamberlerinde amala aşandygyny aýdýarlar. Sebäbi Muhammet dünýä Gurhany berdi, Hudaýy tanamagyň zerurdygyny, Onuň kanunlaryny, Öz gullary eýerer diýip umyt edýän durmuş ýoly baradaky hemme zady dünýä öwretdi. Muhammediň Isanyň «geljegi size habar berer» diýen sözlerini ýerine ýetirendigini olar aýdýarlar. Sebäbi Gurhan ahyrzamany, ölüleriň direljegini, Magşar gününi we adamzadyň ýazgydyny, ýagny jenneti ýa-da dowzahy jikme-jik gürrüň berýärmiş. 2. Erkeklere degişli at çalyşmasynyň ulanylyşy. Göwünlik Berijiniň geljegi barada aýdanda, Isanyň erkeklere degişli at çalyşmasyny sekiz gezek dagy ulanandygyna musulmanlar uly ähmiýet berýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, Isa: «Ol Meni şöhratlandyrar, ol Özünden gürlemez, Ol sizi hakykata gönükdirer» we ş.m. diýende, onuň Mukaddes Ruhy däl-de, erkek adamy, pygamberi göz öňünde tutandygy görnüp dur. Ruhuň hiç bir jynsa degişli däldigi üçin Ony ortalyk derejeden başga ýerde ulanyp bolmaýar. Eger Isa Göwünlik Beriji barada gürlände «Ol» diýip erkeklere degişli at çalyşmasyny ulanýan bolsa, onda Onuň sözleri erkek adam, ýagny pygamber Muhammet barada bolýar. 3. Göwülik Beriji Isadan soň gelmeli. Öz pikirlerini subut etmek üçin musulmanlaryň üçünji ulanýan delili aşakdakyda jemlenendir: Isanyň Göwünlik Berijiniň Özi gidýänçä gelmejekdigini aýdany üçin ol Muhammet bolýar. Olar ýene-de bu sözleriň Mukaddes Ruha degişli däldigini aýdýarlar, sebäbi Mukaddes Kitaba laýyklykda, Mukaddes Ruh hemişe ýerde bolupdyr. Dawut özünden Öz Ruhuny almazlygyny Hudaýdan haýyş edipdir (Mezmur 51:13) Hoş Habarda aýdylyşyna görä, Ýahýa suwa çümdüriji hem ejesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolupdyr (Luka 1:15). Bu delillere mesihilik jogaby Bu delilleriň hemmesine ýönekeý jogaplar bilen jogap berip bolar. Mukaddes Kitaba degişli aýatlaryň sözlerini çuň öwrenende, Isanyň Mukaddes Ruh barada aýdandygy açyk görnüp dur, sebäbi Mukaddes Ruh Isanyň wada edişi ýaly, Ol göge alnandan soň on günüň dowamynda geldi (Res.iş. 2:1–21). Birinjiden, Mukaddes Ruh gerek bolan wagty Isanyň aýdanlaryny şägirtlerine ýatlatdy. Ýahýa öz Hoş Habaryny Mesih haça çüýlenip, ölümden direlenine alty ýyl geçenden soň ýazýar. Şeýle-de bolsa, ol Isanyň şägirtleri bilen geçiren soňky gürrüňdeşligini dört bapdan az bolmadyk möçberde ýazýar (Ýahýa 13:1–16:33). Isanyň taglymaty Gurhanda däl-de, Täze Ähtiň 27 kitabynda ýazylypdyr. Olaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup (2 Timot. 3:16), ondaky hiç zat adam düşündirişine mejbur edilmändir, sebäbi ol hiç haçanam adam islegi bilen ýazylman, eýsem «mukaddes adamlar Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip, gepläpdirler» (2 Petrus 1:21). Ikinjiden, Mukaddes Kitapda Hudaý we Mukaddes Ruh barada aýdylanda, erkeklere degişli at çalyşmasy ulanylýar. «...Ol siziň şöhratyňyzdyr... Hudaýyňyz Oldur“ (Kanun Taglymaty 10:21). Bu adam bolman ruh bolaýanda-da, hudaýlyk tebigaty barada aýdanda ulanylýan adaty mysal (Ýahýa 4:24). Musulmanlaryň delilini Gurhanyň bir aýadyna salgylanyp, Alla barada aýdylanda erkeklere degişli at çalyşmasyny yzly-yzyna ýedi gezek ulanandygyny aýdyp, özleriniň garşysyna öwrüp bolýar (59-njy süre 22–24-nji aýatlar). «Ol Alla, ondan başga hudaý ýokdur». Bu 23-nji aýadyň sözleri bolup, ortalyk derejesi bilen däl-de, erkeklere degişli at çalyşmasy bilen başlanýar we şonuň bilen hem gutarýar. Eger adam däl-de, ruh bolan Alla barada aýdanda Gurhanda erkeklere degişli at çalyşmasy ulanylýan bolsa, onda näme üçin Mukaddes Ruhy şol çalyşmada ulanyp bolmaýar? Isanyň Göwünlik Beriji barada dört gezekki aýdan sözlerinde-de, Onuň erkek adam, pygamber boljakdygy ýekeje ýerde-de, hatda, kakdyrylybam aýdylmandyr — Ol Mukaddes Ruh hökmünde takyk kesgitlenýär (Ýahýa 14:26). Üçünjiden, Isa diňe bir Göwünlik Beriji gelmezden öň Özüniň gitmeginiň wajypdygyny aýtman, eýsem şägirtlerine — Petrusa, Ýahýa, Ýakyba we beýlekilere Ony goýbermegi wada berdi. Ol: «...Ony size ibererin» (Ýahýa 16:7) diýip, alty asyr geçenden soň Mekgedäki ýa-da Medinedäki araplara aýtmady. Eger Isa göge alnandan soň derrew diýen ýaly Göwünlik Beriji gelmedik bolsa, onda şägirtlerine hiç hili bähbit bolmazdy. Isa göge alynmazynyň öňi syrasynda şägirtlerine Hoş Habary wagyz etmäge gitmezden öň, Mukaddes Ruhy kabul edýänçäler Iýerusalimde az wagtlyk saklanmalydyklaryny açyk aýtdy (Res.iş. 1:4–5). Hakykatdanam, Mukaddes Ruh oňa çenli hem dünýädedi, ýöne indi Ol Isa iman eden her bir adamyň ýüregine täzeçe siňmelidi. Şägirtleri üç ýylyň dowamynda Isa bilen boldular, ýöne olar indi Mesihiň özleriniň ýüreklerinde hakykatdan hem ýaşaýan Mukaddes Ruhuň üsti bilen has köpräk bähbit getirýän barlygyny duýmalydylar. 5.5. «Onuň ady Ahmet bolar» Musulman: Gurhana laýyklykda, Isa Muhammediň geljegini «Şöhratlandyrylan» hökmünde aýdýar. Siz, mesihiler, başdaky «Periklutos» (Şöhratlandyrylan) sözüni «Parakletos» (Göwünlik Beriji) sözüne üýtgedýärsiňiz. Musulmanlar Isanyň Göwünlik Beijiniň geljekdigi baradaky wadasyna uly ähmiýet berýärler, sebäbi olaryň göwnüne Gurhanyň şuňa meňzeş sözleri muny tassyklaýarmyş. Şol sözlerde Isa Muhammediň geljegini öňünden aýdýarmyş: Ine, Merýemiň ogly Isa şeýle diýdi: “Eý Ysraýyl ogullary! Men Töwratdaky özümden öň goýberilenleriň hakykatdygyny tassyklaýan, özümden soňky goýberiljek baradaky hoş habary hem yglan edýän Allanyň goýberenidirin. Onuň ady Ahmet bolar” 61-nji süre 6-njy aýat Şeýlelikde, Muhammet özüniň ady bilen agzalmaýar. Ýöne musulman alymlary Ahmet diýen adyň Muhammet diýen at ýaly üç harpdan (h-m-t) ybaratdygyny, onuň «öwgi» sözüniň kökündendigini görkezýärler. Muhammet, belki, Isanyň adyny aýtman, Özünden soň geljek kimdir biri barada aýdandygyny bilendir. Şonuň üçin hem Muhammet bu pygamberligi Gurhana degişli edip girizende, mümkin boldugyça öz adyna ýakyn ady köp ulanyp, Isanyň özi barada aýdandygy baradaky gerek bolan netijäni kepil geçmek üçin, özi barada göni agzamadan gaça durandyr. Periklutos ýa-da Parakletos Ýahýanyň Hoş Habaryndaky «Göwünlik Beriji» diýip terjime edilýän söz — Parakletos. Ol (edil iňlis dilindäki Comforter sözi ýaly) ýanyňda bar bolan maslahatçy, halypa ýa-da göwünlik berijini aňladýar. Ol hiç haçanam «öwülýän adamy» aňlatmandy. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, sözüň asyl nusgasy dogry, sebäbi Onuň Göwünlik Beriji barada aýtmak islän zatlarynyň barysy ýakyn maslahatçynyň düýp manysy bilen takyk gabat gelýär. «Ol Meniňkiden alyp, size bildirer» — bu Isanyň Mukaddes Ruha berýän adaty suratlandyrmasy (Ýahýa 16:14). Mukaddes Ruh Onuň şägirtleriniň ýüreklerinde ýaşamalydy, olara Hudaýyň ýollaryny düşündirmelidi we şol ýoldan alyp gitmelidi hem-de olaryň Isanyň tabşyryklaryny çyn ýürekden ýerine ýetirmekleri üçin şägirtlere güýç bermelidi. Ol Isanyň şagirtleriniň şaýatlyklarynda we wagyz etme işlerinde dünýäniň günäsini açmak we oňa hakykat hem-de magşar güni barada aýtmak üçin Hudaýyň wekili hökmünde gelmelidi. Musulmanlar öz işlerinde mesihileriň «Şöhratlandyrylan» (göge alnan) diýen manyny berýän Isanyň esasynda ulanan sözüni üýtgedendiklerini aýdýarlar. Ol söz takmynan Gurhandaky Ahmet sözüne gabat gelýär. Musulmanlaryň bu sözlerinde haýsy many jemlenen? Ony tassyklaýan subutnamalar barmy? 1. «Periclutos» — Mukaddes Kitabyň sözi däl. Täze Ähtiň gadymy golýazmalary özünde ozal-başda Periklutos sözüniň bolandygyny nygtaýan musulmanlaryň sözlerini tassyklamaýar. Bu söz grek dilindäki Täze Ähtde bir gezegem duş gelmeýär. Ol Mukaddes Kitapda ylanylan söz däl. Musulmanlaryň bu pikiri haýsydyr bir takyk ýagdaýy bolan şaýatlyga däl-de, özleriniň döreden çaklamasyna esaslanýar. 2. «Paracletos» sözi sözler içine gabat gelmeýär. Eýýäm görüp geçişimiz ýaly, Isanyň wadasy boýunça gelmeli bolan ilki bilen maslahatçy we goraýjy hökmünde kesgitlenendi. Isanyň Göwünlik Berijä degişli bolan sözleriniň dördüsinde-de gelmeli adamyň Şöhratlandyrylan bolmalydygyny tassyklaýan hiç zat ýok. Gaýtam Isa: «...Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse şony aýan eder...» (Ýahýa 16:13) diýende, Göwünlik Berijiniň Özüne üns çekmejekdigini aýdyň düşündirdi. Ol «Meni şöhratlandyrar» (Ýahýa 16:14) diýip, sözüni dowam edende, Isa Göwünlik Berijiniň Özüni däl-de, şägirtleriň Mesihe şaýatlyk etmegi arkaly Mesihi şöhratlandyrjakdygyny göz öňünde tutýar. 3. Musulmanlaryň hut özleri Mukaddes Kitaby ýoýýarlar. Bu ýerde biz musulmanlaryň mesihileri adalatsyz günäkärleýän zadynda özleriniň günäkär bolup çykýandygyna takyk subutnamalary görýäris. Ýagny olar Mukaddes Kitabyň tekstini öz çaklamalaryna gabat getirjek bolmakda günäkärlenýärler. Olar Isanyň weliligini Muhammede gabat getirjek bolup we ony Gurhandaky Ahmet ady bilen baglanyşdyrjak bolup, belli bolan ýoýmalara ýüz urmaly boldular. Olaryň Mukaddes Kitabyň sözlerine esaslanyp, öz nukdaý-nazaryny subut edip bilmejegi göze görnüp dur. Isanyň ilkibaşda ulanan sözüniň Periklutos ýa-da ýewreý dilindäki şoňa meňzeş söz bolandygyny öňe sürýän musulmanlaryň beýannamasyny hiç zat tassyklamaýar. Esasy zat biziň eýýäm görüp geçişimiz ýaly, şol söz Isanyň aýdan sözleriniň manysyna hiç-de laýyk gelmeýär. Gurhandaky Ahmet sözi Gurhandaky Ahmet sözüniň ulanylyşy barada ýyllar boýy jedeller gidýär. Häzirki döwürde bu söz musulman dünýäsinde giňden ulanylýan at. Ýöne Muhammediň döwründen öňki arap ýazgylarynda, bu sözüň yslam dörän wagtlarynda has at hökmünde ulanylandygyny subut edýän hiç hili şaýatlyk ýok. Bu söz görnüşine görä, diňe Gurhanyň sözlerinde ulanylandan soň meşhur bolupdyr. 61-nji süre 6-njy aýatdaky hakyky Ahmet sözüniň şol döwürde arap dilinde ulanylan sypat bolandygy hakykata ýakynrak. Bu Isanyň aýdan sözlerindäki Göwünlik Berijiniň adynyň hiç ýerde tutulmaýandygy baradaky delil bilen tassyklanýar. Ýene-de bir zady bellemek gyzykly bolsa gerek. Gurhanyň Osmanyň ýakmaga buýruk beren gadymky golýazmalarynyň birinde, has takygy Gurhany gowy bilen we ony okaýjy bolan Ubaý ibn Kaabyň golýazmasynda süre 61.6 başgaça okalýar. Onda «Ady Ahmet bolar» diýen jemleýji sözler ýok-da, onuň ýerine Allanyň möhürini göterjek pygamberi yglan edýän Isa baradaky ýazgy bar. Mesihilik nukdaý-nazaryndan 61-nji süre 6-njy aýat — bu Isanyň Mukaddes Ruhuň geljekdigi baradaky weliligini yslamyň pygamberi üçin ulanmaga edilen synanyşyk. Muhammediň gelmezinden birnäçe asyrlar öň Mani atly ýalan Mesih hem bu weliligi özi üçin ulanmaga synanyşýar. Bu hem butparaz Arabystanda Isadan soňky birnäçe asyryň dowamynda belli bolan bolmaly. Özüni Allanyň soňky goýbereni hasaplaýan Muhammet ýalylar üçin şol sözi özüne degişli etme islegi tebigy zatdyr. Şu ýerden hem ozal sypat bolan ahmet sözi, Ahmet has adyna öwrüldi. 5.6. Mukaddes Ruh wada berlen Göwünlik Beriji Musulman: Isanyň Hudaýyň başga pygamberi goýberjekdigi barada Öz şägirtlerine aýdanyna siz garşy çykyp bilmersiňiz. Onuň Özüniň hem pygamberleriň, resullaryň we Hudaýyň iberenleriniň uzyn nobatynda bolany üçin, Muhammediň Göwünlik Beriji bolmalydygy, eýsem, hakykata ýakyn dälmi? Bu sorag barada musulmanlar bilen gürrüň edenimizde, Isanyň Göwünlik Berijiniň geljegine degişli aýdan dört jümlesiniň birini ýatlamak we ony diňe Mukaddes Ruh hakda aýdandygyny mysal üsti bilen görkezmek peýdalydyr. Şol bir wagtyň özünde-de, Mukaddes Ruhuň çyn imanlylara gönüden-göni Hudaý bilen gatnaşygy sowgat berýändigi barada şaýatlyk etmek bolar: Men-de Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar; ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Ýahýa 14:16–17 Bu aýatlary yslamyň pygamberi Muhammede däl-de, diňe Mukaddes Ruha degişli edilmeginiň köp sebäbi bar. Başga bir Göwünlik Beriji: Hakykat Ruhy Düşündirişiň sagdyn kadalaryny ulanyp, wada berlen Göwünlik Berijiniň Özi göge alnandan soň Isanyň şägirtlerine goýbermegi wada beren Mukaddes Ruhy dyýen netijä gelinmeginiň azyndan ýedi sebäbi bar. 1. Ol size başga bir Göwünlik Berijini berer. Isa şägirtlerine wada berlen Göwünlik Berijini goýberjekdigini aýtdy. Ol bu wadasyny soňurragam gaýtalady: «...Men... Ony size goýbererin» (Ýahýa 16:7). Şeýlelikde, hut Mukaddes Ruh diýlip yglan edilen Hakykat Ruhunyň geljegine Isanyň şägirtleri öz wagtynda we öz aralarynda garaşmalydylar (Ýahýa 14:26). Muhammet bolsa alty asyr geçenden soň dünýä indi. 2. Ol size başga bir Göwünlik Berijini berer. Eger musulmanlaryň aýdyşy ýaly ilkibaşdaky wadada Periklutos sözi bolan bolsa, onda bu sözlem şeýle bolardy: «Ol size başga bir Şöhratlandyryjyny berer». Bu diňe bir manysyz bolman, eýsem, sözler içinde ýazylmandyram. Bu ýerde Isa gönüden-göni şeýle diýdi: «Men siziň göwünlik berijiňiz, maslahatçyňyz we halypaňyz boldum. Men size ýene köp zady öwretmeli, ýöne Men size Özüme meňzeş başga bir halypa gönükdiriji goýbererin». Isa gökden, Hudaýyň ýanyndan ruh hökmünde geldi we Özüniň ýerdäki gysga durmuşynda adam keşbine girdi. Ol yzyna eýerijileriň arasynda Öz hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin, gökden başga bir ruhy goýberýär. Isanyň Hudaýdan gelendigini Gurhan tassyklaýar. Ony bu Kitapda hiç kime berilmedik kesgitleme bilen «Hudaýyň ruhy» diýip atlandyrýarlar (4-nji süre 171-nji aýat). Gurhanyň başga bir «Hudaýyň ruhy» diýip ýatlaýan aýadynda ruh barada Hudaýyň (edil Mukaddes Ruh ýaly) çyn imanlylary berkitmek üçin olaryň ýüreklerine goýberýän ruhy hökmünde gürrüň berilýär (58-nji süre 22-nji aýat). Şeýlelikde, Hudaýyň Özünden dünýä diňe iki Ruhuň — Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň goýberilendigi bilen Gurhan ylalaşýar. Olaryň ikisi-de Parakletos, ýagny ýol görkeziji we Hudaýyň yzyna çyn ýürekden eýerýänlere göwünlik bermäge we ýolbaşçylyk etmäge çagyrylan halypa. 3. Siziň bilen asyrlaryň dowamynda bolmak üçin. Mesih doglanyndan soň VII-asyrda Muhammet yslamyň pygamberi hökmünde peýda boldy. Ol öz egindeşleri bilen baky galmady-da, 62 ýaşynda öldi. Ol Medinede jaýlandy we on dört asyrdan bäri şol ýerde ýatyr. Isa bolsa Göwünlik Berijiniň Öz şägirtleri bilen baky galjakdygyny aýtdy. Hut şunuň ýaly hem bolup gelýär — Mukaddes Ruh şu güne çenli hem Isanyň yzyna çyn ýürekden eýerijileriň ýüreklerinde ýaşap gelýär. 4. Dünýäniň kabul edip bilmejek hakykat Ruhy. Muhammediň pygamber hökmünde hemmelere gelendigini Gurhan aýdýar (34-nji süre 28-nji aýat). Musulmanlar günleriň birinde bütin dünýäniň yslamy kabul edip, öz pygamberleriniň yzyna eýerjegine ynanýar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda Isa Muhammet barada aýtmandyr, sebäbi Hakykat Ruhuny dolulygyna dünýäniň kabul edip bilmejekdigini Ol aýdypdy. Diňe Isany öz Rebbi we Halasgäri hökmünde kabul edip, Onuň yzyna çyn ýürekden eýerenler Mukaddes Ruhdan dolup, baky durmuşyň mirasdarlary bolup bilerler. 5. Siz Ony tanaýarsyňyz. Bu sözler Isanyň şägirtleriniň Hakykat Ruhuny eýýäm bilýändiklerini aýdyň görkezýär. Muhammediň Isanyň pygamberliginden bäş ýüz ýyl geçenden soň dogulandygy üçin ol şol Ruh bolup bilmez. Göwünlik Beriji Isanyň şägirtleriniň eýýäm tanan Ruhy bolupdyr. Indiki bap olaryň Ony nädip tanandygyny kesgitleýär. 6. Ol olar bilen bolýar. Isa suwa çümdürilmeklik üçin Ýahýa suwa çümdürijiniň ýanyna gelende, gökler açyldy. Şonda näme bolandygyny Ýahýa şeýle ýazýar: ...men Ruhuň gökden gögerçin ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm. Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi. Ýahýa 1:32–33 Hakykat Ruhy Isanyň şahsyýetinde hemişe bardy. Şeýdibem Onuň şägirtleri Ony tanaýardylar. Muhammet barada bolsa, Isanyň şägirtleri bilen bile boldy diýip hiç haçanam aýdyp bolmaz. 7. Ol sizde bolar. Ruhuň Isada bolşy ýaly, Isa göge gaýdyp gidenden soň Ruh Onuň şägirtleriniň ýüreklerine girdi we olarda baky galdy. Bu waka Hudaýyň Sözüni birinji gezek diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruhuň dökülen güni bolan Pentikost (Ellinji) güni boldy. Özlerine berlen Mukaddes Ruhuň üsti bilen Mesihe gelýänleriň ýüreklerine Hudaýyň söýgüsi guýulmagyny dowam edýär (Riml. 5:5). Bu aýatda «siziň içiňizde» diýen manyny aňladýan en diýen grek sözi ulanylýar. Bu wadanyň hiç haçan çyn mesihileriň ýüreklerine girmedik Muhammede degişli bolmandygy göze dürtülip dur. 6. BARNABASYŇ HOŞ HABARY MUSULMAN DINI TAGLYMATYNDAKY ÝALAN HOŞ HABAR 6.1. Musulmanlaryň Barnabasyň Hoş Habaryna gyzyklanmasy Musulman: Näme üçin mesihilik dünýäsi birnäçe asyrdan bäri Barnabasyň Hoş habaryny gizläp gelýär? Köp soraglara nuruny saçýan bu Kitap Isanyň yslamyň hakyky pygamberi bolandygyny, onuň hiç haçan Hudaýyň Ogly bolmaga ymtylmandygyny we biziň beýik Pygamberimiziň geljegini öňünden ady bilen bile aýdandygyny subut edýär. Musulmanlara Hoş Habary wagyz edende mesihiler olaryň Barnabasyň Hoş Habary baradaky soraga köp ýüzlenýändiklerini görerler. Şol Hoş Habaryň Isanyň durmuşy baradaky ýeke-täk hakyky ýazgydygyny, ony mesihileriň gizleýändigini, sebäbi bu kitabyň Isany yslamyň pygamberi hökmünde görkezýändigini musulmanlar nygtaýarlar. Beýle kitabyň bardygyny eşidip, siz geň galýandygyňyzy bildirersiňiz. Şonda olar bu kitaby siziň bilmeýändigiňizi, Ýygnagyň ony öwrenmegi gadagan edýändiginiň alamaty hökmünde görkezip, öz pikirlerini has-da öňe sürerler. Barnabasyň Hoş Habarynyň taryhy Jorj Seýl özüniň ilkinji gezek 1734-nji ýylda çap edilen Gurhanyň terjimesine giriş sözlerinde mesihi dünýäsiniň ünsüni birinji gezek mukaddes Barnabasa degişli edilen Hoş Habara çekdi. Onuň aýdyşyna görä, bu kitap Isanyň durmuşyny öňki dört Hoş Habardan düýbünden tapawutlandyryp, ýöne Muhammediň Gurhanda aýdanlary bilen gabat getirip ýazýar. Ol Barnabasyň Hoş Habarynyň Afrikada bar bolan (indi käbir böleklerinden başgasy ýok bolan) ispan terjimesini we şazada Ýewgeniý Sawaýskiniň kitaphanasyndaky italýan terjimesini ýatlap geçýär. Lonsdeýl we Laura Ragg bu neşiri iňlis diline terjime edip, bu Hoş Habaryň galpdygyny subut edýän Seýliň nygtamalaryny dürli bellikler bilen 1907-nji ýylda çap etdiler. XX asyryň başlarynda yslam dünýäsinde bu Hoş Habaryň arap dilindäki terjimesi peýda bolanda, musulman alymlary we ýazyjylary oňa üns berdiler. 1973-nji ýylda Ragglaryň iňlis diline terjime eden Barnabasyň Hoş Habary ilkinji gezek köp musulman ýurtlarynda çap edilýär. Şondan bäri Pakistanda bu kitabyň takmynan 100 000 nusgasy çap edilipdir. Bu kitap musulmanlaryň ýüreklerinde gozgalaň turuzdy, sebäbi ol mesihilik çeşmelerine esaslanyp, Mesihiň yslamdaky Isadygyny gutarnykly subut edýärmiş. Muhammet bolsa, hakykatdanam bütin adamzada Hudaýdan goýberilen soňky pygambermiş. Mesihilik bu Hoş Habary diňe onuň yslam häsiýeti bolany üçin ýazgarýar diýip, musulmanlar çaklaýarlar. Ýöne gürrüň şol Hoş Habaryň musulman dünýäsinde näme üçin beýle meşhurlyk gazananlygyndadyr. Kitabyň öz içinde we ondan daşda bolan şaýatlyklar kitabyň mesihiler tarapyndan näme üçin ret edilýändiginiň sebäbini has gowy düşündirýär. Bu galp kitabyň mesihileri Gurhanda berlen Isanyň durmuşy baradaky pikiri ynandyrmak maksady bilen mundan birnäçe asyr öň düzülendigini subut edýän ýerlikli subutnamalar bar. Matta, Markus, Luka we Ýahýa tarapyndan ýazylan, ýigrimiden kyrka çenli sahypada ýerleşen Hoş Habarlardan tapawutlylykda, Barnabasyň Hoş Habary 273 sahypadan ybaratdyr. Barnabasyň Hoş Habary Mukaddes Kitapdaky taglymatlary yslam çaklamalaryna laýyklykda üýtgedip gaýtalaýar. Mysal üçin, Isa bir wagtda on sany heýwere kesellini sagaldýar, ýöne Onuň ýanyna gaýdyp gelip, aýagyna ýüzin ýykylyp minnetdarlyk bildiren samariýalydy (Luka 17:16). Barnabasyň Hoş Habary öz pikirine esaslanyp, şol Isanyň ýanyna gaýdyp geleniň ysmaýyllydygyny nygtaýar. Onuň taglymaty mesihiler üçin hiç hili gymmaty bolmadyk röwaýatlardan, hyýaly taryhlardan we Isanyň taglymatyna meňzedilen galplyklardan düzülipdir. Bu Hoş Habaryň has adaty yslam çeşmeleriniň birnäçesine seredip geçeris. Barnabasyň Hoş habarynyň taglymatynyň yslam çeşmeleri 1. Isa Özüniň Hudaýyň Ogludygyna garşy çykdy. Barnabasyň Hoş Habary Isanyň şägirtlerinden Özüni halkyň kim hasaplaýandygyny, ikinjiden, olaryň özleriniň Ony kim hasaplaýandygyny soraýan bölegini ýazýar (Matta 16:13–20). Petrusyň: «Sen — diri Hudaýyň Oglusyň» diýen sözlerine Isa Petrusyň bagtlydygyny, sebäbi muny oňa göklerde bolan Hudaýyň açandygyny aýdyp, jogap berýär. Barnabasyň Hoş Habary Petrusyň Isa Mesih — Hudaýyň Ogly diýen sözlerini dogry ýazýar, ýöne Isanyň jogabyny düýbünden başgaça berýär. Onda Isa Petrusa: «Menden daşrak dur, sebäbi sen şeýtan, Meni kemsitmek isleýäň!» diýip jogap berýär diýip, çak edilýär. Soň Ol şägirtlerine şu Resuldan habardar bolmagy tabşyranmyşyn, sebäbi Ol «muňa (Isanyň Hudaýyň Ogludygy baradaky pikire) ynanýanlaryň üstüne Hudaýdan gelýän nälet bilen näletlendi» diýip aýdanmyş (Barn. 70-nji bap). 2. Isanyň ýerine Iuda haça çüýlendi. Tussag edilmeziniň öň ýanynda Isanyň göge diri alnandygyny, Onuň ýerine dolulygyna Oňa meňzedilýänçä keşbi üýtgedilen başga biriniň haça çüýlenendigini nygtaýan musulman taglymaty bu Hoş Habara girizilen. Ýöne bu gezekki pida Iuda Iskariot bolup çykýar. Bigünä pidanyň haça çüýlenendigini goldap, oýlanyp tapylan bu nazarýeti musulman dünýäsi Muhammetden birnäçe asyr geçenden soň kabul etdi. Barnabasyň Hoş Habary Isany tussag etmek üçin Iuda esgerler bilen gelende, Hudaý Isany dünýäden gögüň üçünji gatyna almak üçin dört sany perişdäni goýberýär. Edil şol wagtda Iudanyň «dili we daşky görnüşi Isa meňzeş edilip üýtgedilýär». Şonda hatda Barnabas bilen Isanyň beýleki şägirtleri-de onuň hakykatdanam Isadygyna ynanýarlar (Barn. 216-njy bap) diýip aýdylýar. Haça çüýlenmeli wagty gelende bolsa, Isanyň ýerine Iuda Iskariot çüýlenýär. 3. Isa Muhammediň adyny görkezip, onuň geljegini öňünden aýdýar. Barnabasyň Hoş Habarynyň köp ýerinde Isanyň Muhammediň geljegini, onuň adyny tutup aýdandygy ýazylypdyr. Mysal üçin, Isa Özüniň haça çüýlenme masgaraçylygyny çekmelidigini aýdýar. «Ýöne Hudaýyň mukaddes goýbereni Muhammet gelenden soň şol masgaraçylyk aýrylmaly» diýip ýazylypdyr (Barn. 112-nji bap). Ýene şu Hoş Habarda beýleki dört Hoş Habaryň mazmunyna garşy getirilýän yslam täsiriniň köp alamatlaryny tapmak mümkin. Mysal üçin, Ybraýyma berlen wada Yshakda däl-de, Ysmaýylda amala aşdy (Barn. 191-nji bap) diýen beýannama musulmanlaryň munuň ýeke-täk hakyky Hoş Habardygyna ynanýandygyny düşündirýär. 6.2. Barnabasyň Hoş Habarynyň galpdygyny subut edýän orta asyr çeşmeleri Musulman: Biziň eýamymyzyň VI asyrynda Gelasyýa atanyň hatlary sebäpli ynamdan gaçyrylan kitaplaryň arasynda Barnabasyň Hoş Habary-da bolupdyr. Bu bolsa şu kitabyň şol wagtlar hem bolandygyny subut edýär. Bu kitabyň ret edilmeginiň sebäbi bolsa, Isanyň durmuşy we taglymaty barada hakykaty aýdýanlygyndadyr. Biziň eýamymyzyň 325-nji ýylynda Nikeý sobory, soň hem Gelasyýa atanyň haty tarapyndan ret edilen hoş habarlar, hatlar we beýleki galp eserler köp bolupdyr. Olar äheňi boýunça Täze Ähtiň hakyky golýazmalaryna meňzeş bolupdyrlar. Olaryň biri-de Barnabasyň Hoş Habarydyr. Bu kitabyň nähilidigine we manysynyň nämede jemlenendigine şaýatlyk edýän hiç hili resminamalar ýok. Şeýle-de bolsa, musulman dünýäsinde mahabatlanan yslam Hoş Habary öwrenilende, bu iki kitabyň şol bir iş däldigi düşnükli bolýar. Olaryň soňkusynyň XVI asyrda galplaşdyrylandygyna köp subutnamalar şaýatlyk edýär. Barnabasyň Hoş Habarynyň orta asyr çeşmeleri Bu Hoş Habaryň Isanyň ölüminden köp asyrlar geçenden soň, hatda Muhammediňem ölüminden soň ýazylandygyny musulmanlara subut etmek kyn däl. Bu kitabyň belli bolan orta asyr çeşmeleri bar. Olaryň üçüsine-de seredip geçeris. 1. Ýüzýyllyk şanly sene. Musanyň Ysraýyl halkyna beren kanunlarynyň biri şanly sene ýyly baradaky kanun bolupdyr. Bu ýyl gullar azat edilende we bergiler bagyşlananda bellenilipdir. Bu şanly sene ýüz ýylda iki gezek baýramçylyk edilip bellenilipdir. Hudaý bu barada aşaky sözleri aýdyp buýruk beripdir: Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Lewiler 25:11 Biziň eýamymyzyň, takmynan, 1300-nji ýyllarynda Bonifasiý VIII şanly sene ýylyny ýüzýyllyk çalyşanda geçirmegiň girizilýändigini aýdyp, ensiklopediýada çykyş edýär. Ýagny şanly sene her ýüz ýyldan bir gezek geçirilmeli hasaplanylýar. Emma ol dünýäden ötenden soň Klementiý VI Mukaddes Kitaba esaslanyp, ýene-de şanly sene ýylyny her elli ýyldan bellemäge buýruk berýär. Barnabasyň Hoş Habarynda bu pikir Isa degişli edilýär. Şonda bütin dünýäde Hudaýa sežde ederler we häzir her ýüz ýyldan gelýän şanly senäniň gelşi Mesih tarapyndan tizleşdirilip, merhemet alnar... Barn. 82-nji bap Bu ýerde anahronizmiň (bir wakanyň ýalňyşlyk bilen başga döwre degişli edilmegi) bardygy görnüp dur, sebäbi Barnabasyň Hoş Habarynyň ýazary her ýüz ýyldan gelýän şanly sene ýyly barada Bonifasiý VIII-iň haty boýunça bilýän halatynda ýazyp biler. Bu Hoş Habaryň ýazary kim bolanda-da, Isanyň ýerdäki durmuşyndan pesinden 13 asyr geçenden soň, Ony çagyryşy gaýtalamaga mejbur edýär! Bu bolsa, şu Hoş Habaryň XIV asyrdan ir bolmadyk döwre degişlidigini subut edýär. 2. Danteden alnan bölekler. Dante, takmynan, Bonifasiý VIII bilen bir döwürde ýaşap geçen italiýaly. Ol «Keramatly komediýa» diýen beýik nusgawy eserini ýazýar. Bu hyýaly eser bolup, onuň döwründäki dini ynamlara laýyklykda, dowzah, syrat köprüsi we gökler temasyna degişlidir. Barnabasyň Hoş Habarynyň köp bölekleri kitabyň şu esere baglydygyny görkezýär. Olaryň biri — Isa degişli edilen gadymy pygamberler baradaky aýdylan sözler. Olar Hudaýyň guly Musa arkaly berlen Rebbiň kanunyna garşy gitmejek bolup we ýalan hudaýlara gulluk etmejek bolup, ölüme höwes we şatlyk bilen gitdiler. Barn. 23-nji bap Dei fasli e lugiardi (ýalan hudaýlar) diýen sözler bu Hoş Habaryň başga ýerlerinde-de gabat gelýär. Ýazar tarapyndan aýdylyşyna görä, Isa bu sözi Hirodes «ýalan hudaýlara sežde edende» ýene gaýtalaýar (Barn. 78-nji bap, 217-nji bap). Biz munuň ýaly görnüşe Mukaddes Kitapda-da, Gurhanda-da gabat gelmeýäris. Onuň Danteden alnandygy göze dürtülip dur (Dante «Dowzah» 1.72). Barnabasyň Hoş abary gökleri we dowzahy suratlandyranda, gönüden-göni Dantä ýykgyn edýär. Şeýdip, Gurhana garşy çykýar. Isa, aýdylyşy ýaly, Simun Petrusa habar berende şeýle diýýär. Şeýlelikde bilip goý, dowzah ýekedir, şeýle-de bolsa, bir-biriniň aşagynda duran ýedi merkezi bardyr. Şu ýerden hem günäniň ýedi görnüşli bolşy ýaly şeýtan ýedi derwezäni goýdy. Olaryň her biriniň içinde ýedi jeza bar. Barn. 135 Dante öz «Dowzahynyň» bäşinji, altynjy aýdymlarynda dowzahy edil şunuň ýaly suratlandyrýar. Barnabasyň Hoş Habary gökler barada gürrüň berende, onuň sekiz gatdygyny, jennetiň özüniň bolsa, olaryň hemmesindenem uludygyny aýdýar (Barn. 178-nji bap). Bu-da keramatlylaryň ýaşaýan ýerleri içinde bolan dokuz gat gök we onunjysynyň iň uly gökdügi barada ýazýan Danteniň ugurdaşy. Bu bolsa, Allanyň ýeri ýaradanda, uçmahy ýedi gat gök görnüşinde döredendigi baradaky Gurhanyň taglymatyna garşy çykýar (2-nji süre 29-njy aýat). 3. Hoş Habaryň orta asyr aýratynlyklary. Hoş Habaryň bölekleri onuň ýazaryna Palestina seredende Günorta Ýewropanyň tebigy şertleriniň ýakyndygyny görkezýär. Ol Isany orak döwri, hasylyň köp wagty bolan tomusda dünýäniň nähili ajaýypdygyny aýtmaga mejbur edýär (Bar. 169-njy bap). Bu bolsa gyşyna ýagyş guýýan, tomsuna bolsa jöwza zerarly atyzlaryň gup-gury bolýan ýeri bolan Italiýanyň ajaýyp suratlandyrylyşydyr. Barnabasyň Hoş Habary edil şunuň ýaly edip, I-nji asyrda Palestinada şerabyň deriden edilen haltalarda saklanandygyny (Matta 9:17) däl-de, orta asyr Ýewropasynda şeraby agaç gaplarda saklamagyň soň bolandygyny hem aýdýar. Ýazaryň Palestinanyň geografiýasyny gowy bilmändigini biz aşaky aýatdanam görýäris: Deňizde ýüzüjiler Nasyra gelip, Isanyň eden zatlarynyň hemmesini şähere ýaýratdylar. Barn. 20-nji bap Şu aýatda Nasyra edil Jelile kölüniň kenaryndaky port şäher hökmünde görkezilýär. Soň bolsa: «Isa Kapernauma galdy» diýip aýdylýar. Isanyň islendik şägirdi Kapernaumyň kölüň kenaryndaky şäher bolanyny, Nasyranyň bolsa, ondan ýokarrakda, depeleriň üstünde ýerleşenini bilýärdi. Adatça Isa Kapernaumdan Nasyra galýardy. Şu bellikler Barnabasyň Hoş Habarynyň bary-ýogy, takmynan, XVI asyrda Günorta Ýewropada taýýarlanan galp kitapdygyny subut edýär. Özüni Hoş Habar diýip atlandyrýan bu kitabyň hakyky dälligi dogrusyndaky barlaglarymyzy dowam ederis. 6.3. Barnabasyň Hoş Habarynyň hakykylygyna garşy başga şaýatlyklar Musulman: Barnabasyň Hoş Habary gürrüňsiz hakykydyr, sebäbi ol Isanyň Hudaýyň soňky goýbereni däldigini aýdýar. Bu hormat Isanyň Özünden soň geljegini aýdany Muhammediň paýyna düşdi. Barnabasyň Hoş Habarynyň hakykylygyna garşy gaty köp şaýatlyklar bar. Olaryň käbirleri bolsa, Isanyň Muhammediň geljegini öňünden aýdan böleklerinden alyndy. Bu Hoş Habaryň Ýahýa suwa çümdürijini ýatlamaýandygyny bellemek örän gyzykly zat. Eger beýleki Hoş Habarlarda oňa Isa bilen döwürdeş bolan pygamber hökmünde üns berlendigini hasaba alsak, onda bu geň galdyryjy ünsden düşürilme bolýar. Ýahýanyň aýdan sözleriniň deregine Isa: «...men çölde gygyrýanyň sesi: “Rebbiň ýoluny taýýarlaň» diýdirýärler (Ýahýa 1:23). Bu sözler bolup geçen waka we ondaky gürrüňler bilen bile Isa degişli edilýär (Barn. 42-nji bap). Bu Hoş Habaryň ýazary özi üçin amatly, ýöne düýbünden ýalňyş iş edip, hakykatynda Ýahýanyň Isa barada aýdanlaryny Muhammet barada aýtmaklyga Isany mejbur edýär. Mesih — Isamy ýa-da Muhammet? Ýahýa suwa çümdürijiden ýehudy ýolbaşçylary: «Sen Mesihmi?» diýip soranlarynda, ol garşy çykdy (Ýahýa 1:20). Barnabasyň Hoş Habary bolsa, şol sözler bilen garşy çykmaga Isany mejbur edýär: Isa hakykaty aýtdy: “Men Mesih däl... Men Ysraýyl öýüni halas edýän pygamber hökmünde iberildim, ýöne Mesih Menden soň geler” Barn. 42-nji, 82-nji baplar Onda gelmeli Mesih kimkä? Bu Hoş Habaryň başga bir ýerinde, hamala, Isa şeýle diýýärmiş: «Mesihiň ady — Şöhratlandyrylan (göge Alnan)... Hudaý şeýle diýýär: Muhammede garaşyň, Men onuň hatyrasyna uçmah ýaratmak isleýän... Muhammet onuň pata berlen ady» (Barn. 97-nji bap). Bu ýerde Hoş Habaryň ýazary öte geçipdir, sebäbi Gurhan Isanyň Mesihdigini on bir gezek dagy gaýtalaýar. Mukaddes Kitap muny köp gezek tassyklaýar (Ýahýa 4:26 Matta 16:20). Bu pikiri subut etmäk üçin Gurhandan alnan aýadyň özi-de ýeterlikdir: Eý Merýem! Alla seni ýakynky we soňky dünýäde şöhratly bolan Merýemiň ogly Isa Mesih atlydan gelen söz baradaky habar bilen şöhratlandyrýar. 3-nji süre 45-nji aýat Bu ýerde getirilen «Mesih» ady Gurhanyň başga ýerinde «Isa Mesih» diýip atlandyrylýar (4-nji süre 171-nji aýat). Şeýlelikde, Barnabasyň Hoş Habary Mesihiň Muhammet bolmalydygyny aýdýan Hoş Habar Gurhana şübhesiz garşy çykýar. Musulman mukaddes Gurhana wepaly bolmak bilen bir wagtyň özünde Barnabasyň Hoş Habarynyň hakykylygyny goramaga çalşyp bilmez. Bu Hoş Habaryň diňe bir Gurhana däl, eýsem öz-özüne-de garşy çykýandygyny görmek gaty gyzyklydyr. Kitabyň girişinde: «Mesih diýilýän nasyraly Isa» barada gürrüň berilýär we munuň «Mesih diýilýän Isanyň hakyky Hoş Habarydygy» tassyklanylýar. Gurhan bilen Barnabasyň Hoş Habarynyň arasyndaky garşydaşlyk Gurhan bilen Barnabasyň Hoş Habarynyň arasynda mundan başga-da kanagatlanarly düşündiriş tapmak mümkin bolmadyk garşylyklar bar. Olaryň biri Isanyň dogluşyny suratlandyrýan bölüm. Barnabas Isanyň dogluş pursady barada şeýle ýazýar: Gyzy adaty bolmadyk şöhle saçýan nur gurşady, ol hem öz ogluny agyrysyz dogurdy. Barn. 3-nji bap Mukaddes Kitapda bu pikire meňzeş jümle ýok. Ol orta asyrdaky katolik nukdaý-nazaryna gabat gelýär. Bu bolsa, Barnabasyň Hoş Habarynyň XVI asyrda döredilen galp kitapdygyny subut edýän ýene bir şaýatlyk. Şonuň üçin bu gözegçilik musulmanlar üçin wajyp bolmaly, sebäbi ol Merýem we Isanyň dogluşy barada aşakdaky ýaly gürrüň berýän Gurhana garşy çykýar: Agyrylar ony (Merýemi) palma agajynyň ýanyna getirdi. Süre 19.23 Gurhan we yslam däpleri bilen gabat gelýän Barnabasyň Hoş Habarynda hakyky Hoş Habara eýediklerini aýdýan musulmanlarda bu söýgüli pikirlerinde galmaga umyt örän az galýar. Soňky döwürde köp musulmanlaryň bu Hoş Habary ýasama kitap hökmünde ret edýänleri ýöne ýerden däl. Muňa seretmezden, käbir musulman ýazyjylary onuň hakykylygyna garşy subutnamalaryň bardygyny bilseler-de, öňküleri ýaly ony hakyky sözler hökmünde wagyz edýärler. Bu iki kitabyň arasyndaky başga bir adaty garşylyga biz Barnabasyň Hoş Habarynyň Gorkunç magşaryň öň ýanyndaky günlerdäki perişdelere degişli sözlerinde gabat gelýäris: «On bäşinji gün mukaddes perişdeler öler, diňe Hudaý diri galar» (Barn. 53-nji bap). Gurhan perişdeleriň ölümi barada hiç zat bilmeýär, ýöne Magşar güni Rebbiň tagtyny perişdeleriň sekizisiniň göterjegini aýdýar (69-njy süre 17-nji aýat). Ýene-de Barnabasyň Hoş Habary jemleýji döwrüň on üçünji gününde hemme adamlaryň we janly-jandarlaryň öljekdigini aýdýar (Barn. 53-nji bap). Gurhan bolsa surnaýlar ýaňlanyp, «olardan her bir äriň» işiniň «ýeterlik» boljak güni bolan beýik Magşar gününe çenli adamlaryň ýaşajakdygyny aýdýar (80-nji süre 37-nji aýat). Musulmanlara şaýatlyk edeniňizde, derrew şu subutnamalary getirseňiz, onda Barnabasyň Hoş Habarynyň ýalandygynyň üstüni açmak size aňsat bolar. Bu gürrüňdeşiniň ünsüni mesihilik we musulmançylyk taglymatlaryndan sowmak üçin musulmanlaryň herekete girizýän hiç hili gymmaty bolmadyk Hoş Habarydyr. 6.4. Barnabasyň Hoş Habarynyň hakyky awtorlygy Musulman: Barnabasyň Isanyň iň abraýly şägirtleriniň biri bolandygy belli zat. Siz nädip onuň ýazan Hoş Habaryny biabraý edip bilýärsiňiz? Eger ol on ikileriň biri bolan bolsa, onda näme üçin mesihiler onuň ýazan zatlaryndan ýüz öwürýärler? Bu Hoş Habar boýunça ýüze çykýan soraglaryň biri-de, elbetde, onuň ýazarlygynyň hakykylygyndadyr. Kitabyň köp wagt geçmedik geçmişdäki galplykdygyna seretmezden, Barnabasyň hiç haçan onuň ýazary bolmandygyny subut etmek wajypdyr. Kitapda Hoş Habaryň ýazarynyň Isanyň şägirtleriniň biri bolandygy birnäçe gezek aýdylýar. Emma belli bolşy ýaly, hakyky Barnabas mesihiligiň taryhynda diňe Isanyň ölüminden we direlmesinden soň peýda boýar. Mundan başga-da, ol bu beýik ady wakalardan ep-esli wagt geçenden soň alýar. Munuň subutnamsyny aşaky aýatlardan bilip bileris: Resullaryň Barnabas (terjime edende «Göwünlik ogly» diýmekdir) lakamyny bereni, kiprli lewili Ýusubyň hem bir mellegi bardy. Ýusup ony satdy-da, puluny getirip, resullaryň öňünde goýdy. Res.iş. 4:36–37 Bu waka Ýusubyň öz mellegini satyp, Isanyň şägirtlerine ondan düşen puly berip, irki ýygnaga kömek edeninden soň boldy. Şonda şu işi üçin oňa «Göwünlik ogly» diýip at berýärler. Şundan soň ol meşhur şahsyýet bolýar. Onuň ady Ýygnagyň başky ösüş döwrüne degişli bolan ýazgylarda we Täze Ähtiň başga ýerlerinde duş gelýär (Galat. 2:9). Elbetde, ol iki Hoş Habarda agzalan on iki şägirdiň sanawyna girmeýär (Matta 10:2–4; Luka 6:14–16). Barnabas dört Hoş habaryň bir ýerinde-de ýatlanylmaýar. Galp Hoş Habary düzüji şunuň ýaly gödek anahronizme (bir wakany ýalňyşlyk bilen öz döwründen başga döwre degişli etmek) ýol berip, onda öz barmaklarynyň yzyny galdyrarmy? Bu kitapda Isanyň Ýusuby Barnabas diýip atlandyrandygyna aşakdaky aýat mysal bolýar: Isa jogap berip: “Gam çekme Barnabas, sebäbi Hudaýyň dünýä döremezden öň saýlany ölmeýär” diýdi. Barn. 19-njy bap Isanyň göge galmazyndan ozal şeýle ýüzlenmäniň bolmagy mümkin däl, çünki Ýusup özüniň Barnabas adyna bu wakalaryň bolup geçeninden birnäçe wagtdan soň alýar. Barnabasyň Hoş Habarynyň ýazarlygynyň mümkinligi Bu kitabyň ýazarlygynyň mümkin bolup biljekdigini subut etmäge mümkinçilik berýän birnäçe şaýatlyklar bar. Onuň ispan dilindäki nusgasyna girişde, munuň Mustafa de Aranda atly arragon musulmany tarapyndan terjime edilen italýan nusgasydygy aýdylýar. Italýan nusgasyna girişde Barnabasyň Hoş Habrynyň bolandygy barada eşiden katolik monahy Fra Marino barada Seýl gürrüň berýär. Fra Marino bu kitaby Sikst V papanyň kitaphanasyna ünsli göz gezdirende görüpdir. Waka Sikst V papanyň irkilen wagty monahyň ýuwaşlyk bilen kitaby alyp, ony soňuna çenli okap, yslamy kabul etmegi bilen gutarýar. Kitabyň ýazary kim bolanda-da, bir zat aýdyň. Ol Ispaniýa we bu ýurdyň durmuşy bilen örän tanyş biri bolmaly. Onuň ispan sütemkeşligi we musulman Hoş Habarynyň ýygyndysynyň üstünden özboluşly «ar alyş çäresini» ýerine ýetirme döwründe, mesihilige güýç bilen öwrülen ispan musulmany bolmagy gaty mümkin. Onuň bu kitaby hakykylygyň köpräk bolmagy üçin, ilki italýan dilinde ýazan bolmagy, soň bolsa öz ispan ene diline terjime eden bolmagy mümkin. Bu kitabyň ýazarynyň Fra Marinonyň özüniň bolmagam ahmal. Bu kitaby Italiýany we onuň dilini gowy bilýän adamyň ýazandygynyň köp subutnamalary bar. Belli bolşy ýaly, Fra Marino sütemkeşligiň esasy gahrymany, yzyndanam Sikst V papa bolan Fra Pretti bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Fra Marino sütemkeşlik wezipesini ýerine ýetirmekde kanuna garşy eden bir hereketi netijesinde Fra Pretti bilen gowy gatnaşyklaryny ýitirýär hem-de onuň goldawyndan mahrum bolýar. Pretti bolsa papa bolýança wezipede ösmegini dowam edýär. Pretti Sikst V papa bolup, tagty eýeländen soň, Marino monahyň ykbaly onuň elinde bolýar. Bu bolsa oňa soňky zadyny orta goýduryp biler, ylaýta-da, yzyndan onuň yslamy kabul edendigini hasaba alsaň, bu mümkin bolup biler. Bu çaklama resmi kabul edişlik wagty din ýolbaşçysy irkilende, monahyň onuň, ýagny Sikst V papanyň kitaphanasynda «gadymy golýazmany» görendigi baradaky waka bilen goldanylýar. Oýlanyp tapylan bu waka bilen baglanyşyklylykda, musulmanlar Rim papalarynyň Barnabasyň Hoş Habaryny halkdan hemişe gizläp gelendiklerini aýdýarlar. Hakykata has ýakyn delil, Fra Marinonyň özi ýa-da oňa ýakyn biriniň bu kitaby ýazandygy we onuň çak edilýän «açyşynyň» taryhyny düzendigi baradaky delildir. Bu Hoş Habary kimiň ýazandygyny hiç haçanam bilmeris. Ýöne onuň Mesihiň şägirdi bolan Barnabas tarapyndan ýazylmandygyny anyk bilýäris. Eger Barnabasyň Hoş Habary haýsydyr bir maksada gulluk edýän bolsa, onda ähtimal diňe bir maksada, ýagny Isanyň durmuşyny we taglymatyny, hakyky dört Hoş Habarda görkezilen şaýatlyklara laýyklykda suratlandyrmagyň, şol bir wagtyň özünde Ony yslamyň pygamberi hökmünde görkezmegiň mümkin däldigini subut etmäge gulluk edýär. Bu işi etmäge synanyşan kitap maksadyna ýetip bilmedi. Musulmanlar bilen söhbetdeşlikde bu kitaby mümkin boldugyça tiz paş etmeli. 6.5. Resullaryň işlerindäki Pawlus we Barnabas Musulman: Barnabas öz Hoş Habarynda Pawlusyň Isanyň Hudaýyň Ogludygy baradaky taglymatyny ykrar etmeýär. Pawlusyň we Barnabasyň arasyndaky ylalaşyksyzlyk barada hatda Täze Äht hem ýazýar. Bu Barnabasyň Isa barada diňe hakykaty aýdandygy bilen düşündirilýär. Barnabasyň Hoş Habary şeýle sözler bilen başlanýar: «...köpler şeýtan tarapyndan aldanyp, takwa görnen bolup, Isany Hudaýyň Ogly diýmek bilen, iň erbet taglymaty wagyz edýärler... Olaryň arasynda Pawlusam bar» (Barn. 1-nji bap). Kitabyň ahyrynda Pawlus ýene-de şol sebäbe görä ýalňyşlykda aýyplanýar. Musulmanlar Mukaddes Kitabyň şu aýdanyny mysal getirmegi gowy görýärler: «...aralaryna agzalalyk düşüp, bir-birlerinden aýryldylar» (Res.iş. 15:39). Şeýdip, olar Pawlus bilen Barnabasyň arasyndaky agzalalygy subut etmek isleýärler. Munuň bolsa, mesihilik talymatynyň baş soraglary babatda Barnabasyň we mesihiligiň meşhur resulynyň nukdaý-nazarlarynyň deň gelmändigini görkezýändigini aýdýarlar. Munuň maksady — Barnabasyň bu taglymata garşy çykandygyny, şonuň üçin öz Hoş Habaryny ýazandygyny subut etmek. Barnabas we Pawlus: iki ýakyn dost Resullaryň işleriniň 15-nji babyny okan islendik adam Barnabas bilen Pawlusyň pikirleriniň çapraz gelýän ýeke-täk zadynyň soňky syýahata, Ýahýanyň Markusy almalymy ya-da almaly däldigi baradadygyny görer. Pawlus ony öz ýany bilen almak islemeýär, sebäbi ol birinji wagyz ediş syýahaty wagtynda olary taşlap gidýär (Res.iş. 13:13). Barnabas Markusy özi bilen alyp, Kipre gidýär, Pawlus bolsa özüne geljekki ýoldaş edip, Silasy saýlaýar (Res.iş. 15:39–40). Resullaryň işleriniň beýleki ähli şaýatlyklary Barnabasyň Pawlusyň garşydaşy bolmandygyny, onuň özüni we taglymatyny hemişe goldandygyny subut edýär. Pawlus Damaska barýan ýolda Isanyň gökden beren ajaýyp görnüşi arkaly Rebbe iman edenden soň, Onuň şägirtleri bilen şäherde bolýar. Soň bolsa, Isanyň Hudaýyň Ogludygyny wagyz etmek üçin ýerli ybadathana barýar (Res.iş. 9:20). Şonuň üçin Pawlusyň iman eden badyna derrew mesihilik taglymatynyň özenini wagyz edip başlandygyna hiç hili şübhe ýok. Indi syýahatlarda Pawlusyň ýanynda bolmak bilen Barnabasyň nähili rol oýnandygyny bilmek zerur. 1. Barnabas ilkinji bolup Pawlusy şägirtleriň ýanyna alyp barýar. Pawlus iman edenden soň yzyna, Iýerusalime gaýdyp gelende, beýleki şägirtleriň hemmesi ondan gorkdular, sebäbi ol irki ýygnagy rehimsizlik bilen yzarlapdy. Şägirtler onuň hakykatdanam iman edendigine ynanmadylar. Barnabasyň Hoş Habaryndaky Pawlusyň üstüne edilen gazaply çozuşlar esasynda, ony şägirtlere kimiň tanadandygyny bilmek uly açyş bolardy: Onsoň Barnabas Sauly alyp, resullaryň ýanyna getirdi, olara ýolda onuň nähililik bilen Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini hem-de onuň Şamda Isanyň ady bilen gaýratly gepländigini gürrüň berdi. Res.iş. 9:27 Şondan soň Pawlus bilen Barnabasy şahsy meselesi boýunça bolan jedel aýra salýança, olar bile boldular. Görşümiz ýaly, Barnabasyň Hoş Habarynyň hakyky ýazary öz galp kitabynyň ýazarynyň roluna dalaşgärlerden has-da nädogry saýlaw edip bilerdi. 2. Barnabas Antakiýada wagyz etmäge kömek etmegi Pawlusdan haýyş edýär. Antakiýadaky ýygnagyň ösýändigini eşidende, Iýerusalimdäki ýygnak Isa bolan imandaky täze şägirtlere halypalyk etmek üçin Barnabasy ol ýere goýberýär. Ol bu tabşyrygyň hötdesinden ýeke gelip bilmerin öýtdi. Özüne kömek etmek üçin ol kimi çagyrdy? Pawlusy. Ol Pawlusy tapmak üçin Troasa barýan ýoly geçdi. Ony tapyp, Antakiýa alyp geldi (Res.iş. 11:25–26). Munuň yzyndan bolan zat örän wajyp zatdyr: Ony tapyp, Antakiýa getirdi. Olar bütin bir ýyllap ýygnakda toplanyp, köp adamlara ders berdiler. Şägirtleriň mesihi adyny almagy ilki bilen Antakiýada ýüze çykdy. Res.iş. 11:26 Bu iki adamyň gulluk eden döwründe imanlylary ilkinji gezek «mesihi» diýip atlandyrdylar, sebäbi Pawlus bilen Barnabas olara mesihilik ynamynyň özenini düzýän düýp hakykaty, ýagny Isanyň Hudaýyň Ogly, Ol biziň günälerimiz üçin öldi diýen taglymaty öwredýärdi. Barnabasyň Hoş Habary muny ret edýär. Bilelikdäki wagyz ediş döwründe Hoş Habary wagyz etme işini Pawlus öz üstüne alýar, Barnabas bolsa ony hemme zatda goldaýar. Barnabasyň özüne degişli edilip, Pawlusa garşy gönükdirilen Hoş Habaryň ýazary däldigine hiç hili şübhe ýok. 3. Pawlus bilen Barnabas sünnetlenmäni ret etdiler. Barnabasyň Hoş Habaryna laýyklykda, Isa sünneti takwalyk görkezmegiň wajyp zady hasaplaýar. Iudaizm we yslam şu güne çenli-de şu tabşyrygy berk berjaý edip gelýär. Isa şeýle diýenmiş: Bedeniniň ujuny sünnetletmediklerden habardar boluň, sebäbi olar uçmahdan mahrum bolýarlar. Barn. 23-nji bap Bu ýerde garşylyk hakyky Barnabas bilen Pawlusyň halas bolmak üçin ýerine ýetirmesi zerur bolan dessur hökmünde sünnete garşy çykyp eden gürrüňlerinde jemlenýär: Ýahudadan gelen käbir adamlar doganlara ders berip: “Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, gutulyp bilmersiňiz” diýýärdiler. Pawlus bilen Barnabas bu adamlar bilen kän çekişip, jedelleşdiler. Onsoň bu meseläniň çözgüdi üçin beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna Iýerusalime gitmeli diýen karara geldiler. Res.iş. 15:1–2 Pawlus öz hatlarynyň birinde, Iýerusalime gidende, Barnabas ikisi ýanlaryna Isa iman eden, ýöne sünnetlenmedik grek Titusy alandyklaryny, şeýdip, görelde görkezendiklerini ýazýar. Pawlus bu sorag boýunça özüniň beýleki resullar bilen pikiriniň deň gelýänini ýa-da gelmeýänini biljek bolup, olaryň öňünde iudaizme we yslama mahsus bolan kanun däplerinden azat bolan Hoş Habary wagyz edýär. Olar diňe bir Titusy sünnet etmegiň gerek däldigi bilen ylalaşman (Galat. 2:1–3), eýsem «maňa we Barnabasa sag ellerini berdiler» (Galat. 2:9). Bu bolsa mesihilik ynamyny wagyz etme işinde Pawlusa Barnabasdan ýakyn adamyň bolmandygyny subut edýär. Barnabas özüne degişli edilen Hoş Habaryň ýazary bolup bilmeýär! Barnabasyň Hoş Habary ähli taryhy gymmatlyklardan mahrumdyr. Musulmanlara bu kitaby bir çetde goýup, wagtyny Isa barada hakykat ýazylan beýleki dört Hoş Habara sarp etmklige ynandyrmak gerek. PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR 1. Musulman we mesihilik taglymatlary boýunça mesihi we dünýewi edebiýatlar • Adang, Camilla. Muslim Writers on Judaism and the Hebrew Bible. E. J. Brill, Leiden, Holland. 1996. • Bevan Jones, L. Christianity Explained to Muslims. Y.M.C.A., Publishing House, Calcutta, India. 1952. • Brown, David. Jesus and God in the Christian Scriptures. Christianity and Islam 1, Sheldon Press, London, UK. 1967. • do. The Christian Scriptures. Christianity and Islam 2, Sheldon Press, London, UK. 1967. • do. The Cross of the Messiah. Christianity and Islam 3, Sheldon Press, London, UK. 1967. • do. The Divine Trinity. Christianity and Islam 4, Sheldon Press, London, UK. 1967. • Burman, Thomas E. Religious Polemic and the Intellectual History of the Mozarabs, c. 1050-1200. E. J. Brill, Leiden, Holland. 1994. • Geisler, N. L. and Saleeb, A. Answering Islam: The Crescent in the Light of the Cross. Baker Books, Michigan, USA. 1993. • Goddard, Hugh. Muslim Perceptions of Christianity. Grey Seal Books, London, UK. 1996. • Jeffery, Arthur. Materials for the History of the Text of the Qur’an. AMS Press, New York, USA. 1975. • Muir, Sir W. The Coran: Its Composition and Teaching. S.P.C.K., London, UK. 1903. • do. The Beacon of Truth. The Religious Tract Society, London, UK. 1894. • do. The Mohammedan Controversy. Edinburgh, Scotland, UK. 1897. • Nehls, Gerhard. Christians Ask Muslims. Life Challenge, Cape Town, Republic of South Africa. 1980. • do. Christians Answer Muslims. Life Challenge, Cape Town, Republic of South Africa. 1980. • Parrinder, Geoffrey. Jesus in the Qur’an. Sheldon Press, London, UK. 1976. • Pfander, C. G. Miftahu’l Asrar: The Key of Mysteries. The Christian Literature Society, Madras, India. 1912. • do. The Mizan ul Haqq, or Balance of Truth. Church Missionary House, London, UK. 1867. • do. The Mizanu’l Haqq (Balance of Truth). The Religious Tract Society, London, UK. 1910. • Rice, Rev W. A. Crusaders of the Twentieth Century: The Christian Missionary and the Muslim. Church Missionary Society, London, UK. 1910. • Seale, M. S. Qur’an and Bible: Studies in Interpretation and Dialogue. Croom Helm, London, UK. 1978. • Samir, K. A. and Nielsen, J. S. Christian Arabic Apologetics During the Abbasid Period. E. J. Brill, Leiden, Holland. 1994. • Thomas, David. Anti-Christian Polemic in Early Islam. Cambridge University Press, Cambridge, UK. 1992. • Tisdall, W. St. Clair. A Manual of the Leading Muhammadan Objections to Christianity. S.P.C.K., London, UK. 1912. • Wherry, Rev. E. M. The Muslim Controversy. The Christian Literature Society, Madras, India. 1905. • Zwemer, Dr. S. M. Mohammed or Christ. Seeley, Service & Co. Ltd., London, UK. 1915. 2. Musulman kitaplary yslam we mesihilik barada • Ajijola, AlHaj A. D. The Myth of the Cross. Islamic Publications Limited, Lahore, Pakistan. 1975. • Alwi, Sumali. Divinity of Jesus: A Dialoque between B. Mudhary and A. Widuri. Pustaka Aphiya, Kuala Lampur, Malaysia. 1987. • Ansari, Muhammad F. R. Islam and Christianity in the Modern World. World Federation of Islamic Missions, Karachi, Pakistan, 1965. • Assfy, Zaid H. Islam and Christianity. William Sessions Limited, York, UK. 1977. • Ata-ur-Rahim, Dr. Akbar. Jesus a Prophet of Islam. MWH Publishers, London, UK. 1979. • Aziz-us-Samad, Ulfat. A Comparative Study of Christianity and Islam. Sh. Muhammad Ashraf, Lahore, Pakistan. 1983. • do. Islam and Christianity. International Islamic Federation, Peshawar, Pakistan. 1982. • Deedat, Ahmed. The Choice: The Qur’an or the Bible. Thinkers Library, Selangor. Singapore. • Durrani, Dr. M. H. The Quranic Facts About Jesus. International Islamic Publishers, Karachi, Pakistan. 1983. • Hamid Abdul. Islam and Christianity. A Hearthstone Book, New York, USA. 1967. • Imran, Maulana Muhammad. The Cross and the Crescent. Malik Sirajuddin & Sons, Lahore, Pakistan. 1979. • Jameelah, Maryam. Islam Versus Ahl al Kitab, Past and Present. Mohammed Yusuf Khan, Lahore, Pakistan. 1968. • Joommal, A. S. K. The Bible: Word of God or Word of Man? I.M.S. Publications, Johannesburg, South Africa. 1976. • Kamal-ud-Din, Khwaja. The Sources of Christianity. Woking Muslim Mission & Literary Trust, Lahore, Pakistan. 1973. • Manjoo, Muhammad E. The Cross and the Crescent. Foto-Saracen, Durban, Republic of South Africa. 1966. • Muhammad Ali, Moulvi. Muhammad and Christ. Ahmadiah Anjuman-i-Ishaet-i-Islam, Lahore, India. 1921. • Niazi, Kausar. The Mirror of Trinity. Sh. Muhammad Ashraf, Lahore, Pakistan. 1975. • Obaray, A. H. Miraculous Conception, Death, Resurrection and Ascension of Jesus (Nabi Isa) as Taught in the Kuran. Author-published, Kimberley, South Africa. 1962. • Rahmatullah, Maulana M. The Ijaharu’l Hakk; or Truth Revealed. Publisher not named, India. 1860. • Sadr-ud-Din. Fundamentals of the Christian Faith in the Light of the Gospels. Ahmadiyya Anjuman Isha’at-i-Islam, Lahore. Pakistan. • Shafaat, Ahmad. The Question of Authenticity and Authority of the Bible. Nur Media Services, Montreal, Canada. 1982. • Tabari, Ali. The Book of Religion and Empire. Law Publishing Company, Lahore, Pakistan. • Zidan, Dr. Ahmad. Christianity: Myth or Message? A. S. Noordeen, Kuala Lampur, Malaysia. 1995. 3. Yslam we mesihilik soraglary boýunça mesihilik kitaplary • Adelphi, G. and Hahn, E. The Integrity of the Bible According to the Qur’an and Hadith. Hyderabad, India. 1977. • Abd al Fadi. Sin and Atonement in Islam and Christianity. Markazash-Shabiba, Beirut, Lebanon. • Anderson, M. The Trinity: For Christians and Muslims. Pioneer Book Company, Caney, USA. 1994. • Brutus, Zachariah. God is One in the Holy Trinity. Markaz-ash-Shabiba, Basel, Switzerland. • Eric, Walter. Let the Bible Speak for Itself. Life Challenge Africa, Nairobi, Kenya. 1996. • Jadid, Iskandar. The Cross in the Gospel and Quran. Markaz-ash-Shabiba, Beirut, Lebanon. • do. The Infallibility of the Torah and the Gospel. Centre for Young Adults, Basel, Switzerland. • Khalil, Victor. The Truth of the Quran in the Light of the Bible. Author-published, Detroit, USA. 1981. 4. Yslam we mesihilik soraglary boýunça musulman kitaplary • Abidi, Syed Azmat Ali. Discovery of the Bible. Defence Housing Society, Karachi, Pakistan. 1973. • Al-Hilali, Dr. M. T. Jesus and Muhammad in Bible and Qur’an. Kazi Publications, Chicago, USA. • Al-Johani, Dr. M. H. The Truth About Jesus. World Assembly of Muslim Youth, Riyadh, Saudi Arabia. 1987. • Bhula, Ismail. A Reply to Mr A. Y. Obaray! Young Men’s Muslim Association, Johannesburg. South Africa. 1963. • Deedat, Ahmed. Combat Kit Against Bible Thumpers. Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1992. • do. Crucifixion or Cruci-Fiction? Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1984. • do. Is the Bible God’s Word? Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1980. • do. Resurrection or Resuscitation? Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1978. • do. Was Christ Crucified? Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1965. • do. What Was the Sign of Jonah? Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1976. • Joommal, A. S. K. The Riddle of Trinity and Sonship of Christ. Islamic Missionary Society, Johannesburg, South Africa. 1966. • Muhsin, Ali. Let the Bible Speak. Author-published, Dubai, United Arab Emirates. • Najaar, A. Muslim Judicial Council Chairman’s Comments on Obaray’s Booklet. Islamic Publications Bureau, Cape Town, South Africa. • Shabazz, Ala’uddin. The Plain Truth About the Birth of Jesus According to the Holy Bible. New Mind Productions, New Jersey, USA. 1981. 5. Muhammet baradaky Mukaddes Kitap pygamberlikleri barada • Anonymous. Do You Know? The Prophet Muhammad is Prophesied in the Holy Bible! Y.M.M.A., Johannesburg, South Africa. 1960. • do. The Prophet Muhammad in the Bible. Jamiat Ulema Natal, Wasbank, Republic of South Africa. • Badawi, Dr. J. Muhammad in the Bible. Islamic Information Foundation, Halifax, Canada. 1982. • Dawud, Prof. A. Muhammad in the Bible. Angkatan Nadhatul-Islam, Bersatu, Singapore. 1978. • Deedat, Ahmed. Muhammad in the Old and New Testaments. Islamic Publications Bureau, Cape Town, South Africa. • do. Muhammad Successor to Jesus Christ as Portrayed in the Old and New Testaments. Muslim Brotherhood Aid Services, Johannesburg, South Africa. • do. What the Bible Says About Muhammad. Islamic Propagation Centre, Durban, South Africa. 1976. • Durrani, Dr. M. H. Muhammad the Biblical Prophet. International Islamic Publishers, Karachi, Pakistan. 1980. • Hamid, S. M. A. Evidence of the Bible About Mohammad. Author-published, Karachi, Pakistan. 1973. • Kaldani, D. B. Mohammad in the Bible. Abbas Manzil Library, Allahabad, Pakistan. 1952. • Kassim, Hajee Mahboob. Muhammad in World Scriptures. Chishtiyya Publications, Calcutta, India. 1990. • Mufassir, Sulayman Shahid. The Bible’s Preview of Muhammad. Al-Balagh Foundation, Tehran, Iran. 1986. • Al-Qayrawani, Faris. Is Muhammad the Promised Parakletos? Al-Nour, Colorado Springs, USA. 1992. • Shafaat, Dr. A. Islam and its Prophet: A Fulfilment of Biblical Prophecies. Nur al-Islam Foundation, Laurent, Canada. 1984. • Vidyarthy, A. H. Muhammad in World Scriptures. (3 volumes). Ahmadiyya Anjuman Ishaat-i-Islam, Karachi, Pakistan. 1974. 6. Barnabasyň Hoş Habary barada • Anonymous. The Gospel of Truth: The Barnabas Bible. Islamic Dawah Centre, Pretoria, South Africa. • Begum Aisha Bawany Wakf. The Gospel of Barnabas. (3rd edition), Karachi, Pakistan. 1974. • Campbell, Willam F. The Gospel of Barnabas: Its True Value. Christian Study Centre, Rawalpindi, India. 1989. • Durrani, M. H. Forgotten Gospel of St. Barnabas. International Islamic Publishers, Karachi, Pakistan. 1982. • Gairdner, W. H. T. & Abdul-Ahad, S. The Gospel of Barnabas: An Essay and Enquiry. Hyderabad, India. 1975. • Jadeed, I. The Gospel of Barnabas: A False Testimony. The Good Way, Rikon, Switzerland. 1980. • Niazi, Shaheer. Is the Gospel of Barnabas a Forgery? Siddiqi Trust, Karachi, Pakistan. • Peerbhai, Adam. Missing Documents from Gospel of Barnabas. Islamic Institute, Durban, South Africa. 1967. • Ragg, L & L. The Gospel of Barnabas. Clarendon Press, Oxford, United Kingdom. 1907. • Rahim, M. A. The Gospel of Barnabas. Quran Council of Pakistan, Karachi, Pakistan. 1973. • Slomp, J. Pseudo-Barnabas in the Context of Christian-Muslim Apologetics. Christian Study Centre, Pakistan. 1974. • do. The Gospel in Dispute. Pontificio Instituto Di Studi Arabi, Rome, Italy. 1978. • do. The Pseudo-Gospel of Barnabas. Bulletin, Secretariatis pro non Christianis, Citta del Vaticano, Italy. 1976. • Sox, David. The Gospel of Barnabas. George Allen & Unwin Limited,London, United Kingdom. 1984. • Wadood, A. C. A. The Holy Prophet Foretold by Jesus Christ in the Gospel of St. Barnabas. Ceylon Muslim Missionary Society, Colombo, Sri Lanka. 1973. • Yuseff, M. A. The Dead Sea Scrolls, The Gospel of Barnabas, and The New Testament. American Trust Publications, Indianapolis, USA. 1994.