Ýelena Sokolowa KOROLYŇ NESIHATY Çagalar we ulular üçin ertekiler Ertekıdäkı ýaly köwüş Köwüş dükanynyň çagalar bölüminde köwüşleriň giň saýlaw mukdary bardy. Il arasynda aýdylyşy ýaly, islendik islegdäkisi bardy. Ol ýerde bir jübüt köwüş hemmesinden saýlanyp durdy. Laklanan köwşüň birkemsiz üsti ýalpyldap durdy we alyjysyna garaşyp: «Siz seredip bir görüň, men nähili ýukajyk hem gymmat deriden edilen, men nähili owadan, ýumşak, oňaýly! Men adama diňe bir durmuş manysynda däl-de, eýsem, estetiki lezzeti bermek üçin hem niýetlenendirin. Mundan başga-da, meniň ýöne bir köwüş bolman, eýsem, eýesine adaty bolmadyk şowlulygy getirýän ertekidäki ýaly köwüşdirin» — diýip, öz-özüni öwýän ýalydy. Onuň golaýynda galyň deriden edilen köwüşler durdy, olaram öz alyjysyna garaşýardylar. Ol hem adama gowy hyzmat etmek isleýärdi, emma salykatlylyk bilen dymýardy. Laklanan köwüş galyň deriden edilen köwşe seredip, diňe uludan demini alýar: «Wah, dünýäde adalat ýok. Men-ä, iň gowusy, seni bolsa, ilkinji nobatda satyn alýarlar. Siz ýörgünli haryt…» Galyň deriden edilen köwüş: «Gaýgy etme, gadyrly laklanan köwüş, size aýratyn isleg bar. Sen, elbetde, uzak wagtlap hem üstünlikli hyzmat edersiň, sebäbi şeýle etmegi isleýärsiň. Arzuwlar amala aşýandyr» — diýip jogap berdi. Tekjäniň ýanyna alyjylar — ataly ogul — geldi. Olar howlukman köwüşleri geýip görmäge başladylar. — Ine, şu bize geregi. Aýagyňa-da oňaýly, görnüşem gaty gowy! Bahasy arzan-a däl, ýöne biz ony satyn alarys. Ýuliý, ylalaşýarsyňmy? — diýip, kakasy oglundan sorady. — Ylalaşýaryn — diýip, oglan täze zat aljagyna begenip aýtdy. Ýuliý kassanyň ýanyndaky gaplanan korobkany garbap alyp, kakasy bilen dükandan ýylgyryp çykdy. Korobkada ertekidäki ýaly laklanan köwüş bardy. Dükana başga-da alyjylar geldi. Olaram ataly oguldy. Olaram köwüşlere seredip çykdylar, birnäçesini geýip gördüler, iň soňunda-da kakasy: — Ine, bize gerek zat. Aýagyňa-da oňaýly hem berk! Bahasam amatly. Sen ylalaşýarsyňmy, Ýuriý? Ogly täze köwşüne begenip, başyny atdy. Ýuliý öýünde köwşi çykaryp, girelgede tekjäniň üstünde goýdy. Hüžžüjek pişik öýüň täze ýaşaýjysynyň ýanyna baryp, lakdaky öz keşbine seretdi we dostlugyň alamaty hökmünde köwşüň yz tarapyna süýkendi. Bu köwüş hepdeläp saýawanlaryň, tapoçkalaryň we ädikleriň ýanynda hiç kime gerek däl bolup durdy, diňe pişik aýnada öz keşbini görüp, owadanlygyna guwanmak üçin ýanyna gelip, ony taşlanylan bolma duýgusyndan halas edýärdi. Köwşüň juda içi gysdy, ýöne günleriň birinde Ýuliý mekdepden gelip, owadan geýimlerini geýip, tekjäniň ýanyna geldi. Ol köwşi geýip, girelgede eýläk-beýläk ýöredi. Pişik adatdakysy ýaly, laklanan köwşe sürtünmek üçin girelgä geldi. Şol wagt Ýuliý artistlik hereketi bilen başyny çalaja ýokary galdyrdy, ellerini arkasyna tutdy-da, pişigiň guýrugyna basdy. Pişik agyrydan we haýran galmadan ýaňa çirkin gygyrdy. Bu Ýuliýiň perwaýyna-da bolmady. Ol otagdan ejesiniň gaharly sesi eşidilýänçä, lakly köwşi bilen pişigiň guýrugyna basyp durdy: — Ýuliý, pişigi gynama! Guýrugy aşak goýberilen görgüli pişik, owadan gynaýjy köwüşden ýigrenç bilen böküp daşlaşdy. Sebäbi hut şony öz gynaýjysy hasaplapdy. Laklanan köwüş bolsa, utançdan ýaňa nirä gizlenjegini bilmeýärdi. Ol özüniň hiç hili günäsiniň ýokdugyny pişige nädip düşündirsin, ol her neneň ertekidäki ýaly bolsa-da, hemme zada ygtyýary ýetmeýärdi, sebäbi eýesiniň islegine tabyn bolmaly bolýardy, eýesi nirä gitse, olam şol ýere gitmelidi. Ertekidäki ýaly köwüş utanç duýgusy sebäpli özüni gynap durka, oglanyň kakasy maşynynda gelip, birkemsiz geýnen we saçy daralan Ýulini maşynynda şöhle saçyp duran bir bina alyp bardy. Tiz wagtdan ol giň zala bardy. Bu ýerde ajaýyp saza goşup, diýseň owadan geýnen jübütler tans edip aýlanýardylar. Laklanan köwüş öz derisi bilen duran ýeriniň bar ýalpyldysyny özünde şöhlelendirip, begençden ýaňa içini çekdi. — Biziň bäsleşigimizi Ýuliý bilen Olesýa dowam etdirýär — diýip, mikrofonda yglan etdiler. Soň laklanan köwüş tansçynyň aýaklary bilen bilelikde şeýle bir hereketleri edip başlady welin, oňa seredip, tomaşaçylaryň başlary aýlandy. Hatda saz gutaryp, Ýuliý bile tans eden gyzyny ene-atasynyň ýanyna alyp baryp, tomaşaçylaryň içinde ýerine geçip oturanyndan soň hem, laklanan köwüş köşeşip bilmedi. Ýuliniň deňinden indiki ýaşajyk jübüt tansa çykmak üçin geçip barýardy. Ol şol wagt bildirmän aýagyny olaryň öňüne goýdy, şu pursatda zalyň merkezine barýan oglan büdräp ýykyldy, onuň yzy bilen hem yzdaky gyz ýykyldy. Tomaşaçylar içlerini çekdiler. Hiç kim gülmedi-de, diňe duýgudaşlyk bilen uludan demlerini aldylar. Diňe Ýuliý gülküsini saklap bilmedi. Tomaşaçylar oňa tarap seretdiler, laklanan köwüş ýene çydardan beter utandy. Şatlygyň ýerine lapykeçlik geldi, indi laklanan jübüt tans bäsleşigine gelenine gynandy, ol öz ýalpyldysyndan utandy, sebäbi diňe şu öz eýesiniň hereketiniň ýigrenjiligini artdyrýar diýip hasap edýärdi. Şeýdip, özüni köwüş tekjesiniň iň törüne salyp goýanlarynda, laklanan köwüş ilkinji gezek örän begendi. Ol ýerde köwüş gaýgydan dolup, saýawanlaryň ýanynda irkildi. Ertir bilen laklanan jübüt özüni indi ertekidäki ýaly hasaplamady. «Ine, hemme zat nähili boldy… Galyň deriden edilen köwüş meniň gowy hyzmat etjekdigimi aýdanda, mamla däl eken. Arzuwlaryň hemmesi amala aşmaýar». Pişik laklanan köwşe seredip, öz keşbini görmek üçin gelmeýär. Köwüş Ýuliniň indiki çykyşyna gidýänçä, birnäçe günläp doly ýalňyzlykda durdy. Soň hemme zat — ajaýyp saz, tanslar, el çarpyşmalary we lakyň aýnasynda diňe bir töweregiň ajaýyp şekilleri däl-de, eýsem, bäsdeşlerine badak atan, uzyn köýnekleriň etegine basan we artistleriň hormatyna ýazylan stoluň üstündäki örtgä köwşi süpürenindeÝuliniň biderek hereketleri sebäpli utanç hem eýmenç duýgy — gaýtalandy. Girelgedäki tekjäniň üstünde uka gidende, ertekidäki ýaly köwüş diňe bir zady, ýagny öwşün atyp duran burnuny öz üstünde asylgy duran paltonyň gyrasyna mümkin boldugyça çuňrak gizlemek isledi. Ýuriý dükandan täze köwüşde çykdy. Onuň köne köwşüni kakasy hapa atylýan gabyň ýanynda goýdy — belki, ýene kimdir birine gerek bolar. Öýde ejesi adamsy bilen oglunyň saýlap alan zadyny öwdi: — Geýmek — ýyrtmak däldir. Derisi galyň, berk. Aşagy tikilipdir. Köwüş girelgedäki tekjede öz ornuny eýeledi-de, laklanan köwüş ýaly, öwgüden ýaňa öwşün atyp başlady. Ol uzak wagtlap durmaly bolmady. Kakasy oglundan iýmitli torbany çagalar öýüne alyp gitmegi haýyş etdi. Ýuriý köwşüni geýip gitdi. Ýagyş ýagýardy, köwüş bolsa, elinde baryny edip, üýşmek suwlaryň gapdalyndan sowlup geçýärdi. Köwşüň üsti asfalta ýokardan akyp gelýän akymdan ýaňa garaldy, emma içi ýylydy hem gurydy, aýaklar rahatdy. Çagalar öýi uzakda däldi, şonuň üçin tiz wagtda Ýuriý daşyndan adaty ýaly bolup görünýän ýaşaýyş jaýynyň ýanynda saklandy-da, belgini aýlady welin, domofon işläýdi, soň gapy açyldy. Ýura iň soňky gata çykdy. Ol ýerde gapylaryň birine: «Çeşmejik», «öýsüz çagalar üçin öý» diýen ýazgy asylgydy. Bu ýerde ony köne dostlary ýaly garşy aldylar: çagalaram, terbiýeçi-de ony şatlykly kabul etdi. Olar iýmit üçin Ýura minnetdarlyk bildirdiler, käbir çagalar bolsa: — Ýura, ýör, ýör, biziň bilen oýnasana — diýşip gygyrdylar. Aýratynam, sekiz ýaşly Kolýa has tutanýerlidi. Ol myhmanyň elinden tutup, ony oýnalýan otaga alyp gitdi. Ýura özüne kän ýalbardyp durmady-da, myžžyk köwşüni girelgede çykaryp, şowhunly çagalar bilen köp oýnawaçlar duran ýere girdi. Uly konstruktordan olar kosmiki baza ýasadylar. Çagalar onda gaty çyny bilen kosmonawtlar üçin jaýyň taslamasyny düzdüler: bu ýerde uçýan kapsulalar üçin garaž bolar; bu ýerde öwrenmäge toprak ýygnaýan robotlar üçin meýdança ederis; bu ýerde bolsa, kosmonawtlar ýatarlar… — Tans etmek üçin ullakan zal hem gurmak gerek! — diýip, Kolýa şadyýan gygyrdy. — Diýýäniň näme, bu kosmos ahyry! Ol ýerde tans bolmaýar! — diýip, beýlekiler garşy çykdylar. — Biziň stansiýamyzda bolýar. Ol örän owadan… Men ulalanymda, kosmonawt boljak we tans etjek. Hemmelerden gowy ederin — diýip, Kolýa aýtdy. — Arzuw ediber! Arzuwlar amala aşýar, ýöne diňe ertekilerde — diýip, oglanjyklaryň biri nebsiagyryjylyk bilen belledi. Ýura öýüne gaýdyp gelende-de, ýagyş diňenokdy. Ýöne Ýura howlukman ýöredi, içinden çagalar öýündäkiler we şolar ýaly, iýmite, geýime we alada edilmegine mätäç bolan çagalar üçin doga etdi. Ol Kolýa üçinem arzuwynyň hasyl bolmagyny diläp doga etdi. Onuň aýaklary ýyljajykdy, sebäbi galyň deriden edilen köwşi suwa garşy gowy göreşýärdi-de, suwy geçirmeýärdi. Üç aý geçip geçmänkä, Ýuliý ene-atasyna özüniň tansa geýýän köwşüniň könelendigini aýtdy. Kakasy laklanan köwşi tekjeden aldy-da, oňa ünsli seredip: — Ol edil täzeje ýaly — diýdi. Ýuliý ýan bermedi: — Täze? Diňe modaly, soňky çykan köwüşler täze bolýar. Bu köwüş eýýäm düýnki günüňki, diýmek, eýýäm köne. Ejesi zeýrendi: «Sen ony bary-ýogy birnäçe gezek geýdiň ahyry». Köwşüň özi özüniň ýaramsyzdygyny eşidip, juda gaýgylandy. Ol şeýle laklanan, ýalpyldaýan, ertekidäki ýaly bolsa-da, hiç kime gerek däl boldumyka? Ony zyňaýarmykalar? Köwüş tasdanam möňňürip aglapdy. Ene-ata bilen ogul belli bir karara gelmän, ýatmaga gitdiler. Ertesi irden kakasy: — Bolýar, oglum, men saňa başga köwüş alyp berýärin, ýöne bir şert bilen, sen ony özüň gazanyp alarsyň — diýdi. Ýuliý begenip elini çarpan badyna, birden ony gazanyp alma pikiri gaýgylandyrdy: «Ýene näme etmek gerek?» — Sen haýyr-sahawat konsertine gatnaşarsyň. Men medeniýet öýüniň şonuň ýaly konsert gurnaýanyny, gelen serişdäniň bolsa, «Çeşmejik» atly çagalar öýüne berilýänini eşitdim. — Medeniýet öýünde tans etmeli? Tüf! Men iň gowy meýdançalarda işledim, bäsleşikleriň ýeňijisi boldum, mundan soň medeniýet öýündemi? — diýip, Ýuliý ýigrenç bilen aýtdy. — Näme üçindir professional artistler bu konserte gatnaşmagy kiçilik bilmeýärkäler, gaýtam oňa gatnaşmaga dyrjaşýarlar. Programma seret-de, özüň göz ýetir. — Eger ol ýere professionallar barýan bolsa, onda menem barmaga, elbetde, razy… — diýip, Ýuliý oýlanyp gürledi. Etrap medeniýet öýüniň konsert zaly hyryn-dykyndy. «Çeşmejik» çagalar öýüniň çagalary birinji hatarda oturdylar. Olar bilen bilelikde Ýura bilen onuň kakasy ýaly, çagalara kömek edýän adamlar oturdylar. Ýuliý özüniň ajaýyp kostýumyny we laklanan köwşüni geýip, çykyşa taýýarlandy. Onuň ýanynda aňrybaş owadan köýnek geýnen tans partnýory Olesýa bardy. Alyp baryjy bu tansçy jübütiň çykyşyny yglan etdi, soň laklanan köwüş jadylaýjy saz astynda tans edip başlady. Laklanan köwüş güýçli aýlandy, ýöne bu oňa özüniň köne tanşyny, ýagny birinji hatarda ornaşykly ýerleşen galyň deriden edilen köwşi, tanamaga päsgel bermedi. Ol örän mähirli gözli bir oglanyň aýagyndady. Ýuriniň galyň deriden edilen köwşi hem, bir wagtky daşyndan guwanan, dükanyň tekjesinde bile duranlarynda, ýürekdeş gürrüň eden lakly köwşüni tanady we häzir onuň üstünligine begendi. Tans gutaryp, tansçylar el çarpyşmalar astynda tomaşaçylara tagzym etmäge duranlarynda, Ýuriniň köwşi Ýuliniň köwşüne salam berip başyny atdy. — Sen diýseň owadan görünýärsiň. Laklanan köwüş edil agyrydan ýaňa bükülýän ýaly burulyp: — Men şeýle ýaldyrawuk bolmadyk bolsam gowy bolardy. Bu gün meniň soňky günüm. Meni zyňýarlar, men bolsa entek adamlara hyzmat etmek isleýärin! — diýip çalt aýtdy. — Berk dur, men bir zat oýlap taparyn! — diýip, galyň deriden edilen köwüş oňa göwünlik berdi. Sahnanyň aňyrsynda kakasy Ýuliýe elinde bir gap tutup garaşyp durdy. Gabyň içinde täze çykan köwüş bardy. Begenen Ýuliý täze köwşüni howlukmaç geýdi. Şol wagt ol özüne iki sany nätanyş oglanyň golaýlaşyp gelýänini gördi. — Meniň adym Ýura, bu bolsa Kolýa. Ol «Çeşmejik» çagalar öýünde terbiýelenýär — diýip, gelenleriň biri aýtdy. — Olesýa ikiňiziň çykyşyňyz bize örän ýarady. Ol, aýratynam, edil siz ýaly gowy tans etmegi arzuw edip ýören Kolýa has-da ýarady. Siz oňa nähilidir bir maslahat berip bilersiňizmi? Ýuliý diňe bir taý köwşüni geýipdi, şol wagt ol köne lakly köwşüniň birden aýagyny gysýanyny duýdy. Ol şol wagt özüne jogaba garaşyp begençden ýaňa gözlerini tegeläp duran oglanjyga ünsli seretdi-de, näme üçin aýdanyny özem bilmän: — Mende üstünlik getirýän köwşüm bar. Ol edil ertekidäki ýaly. Şony geýen adam gowy tansçy bolýar — diýip, Ýuliý köwşüň ikinji taýyny hem çykaryp, ony oglanjyga uzadyp: — Al, men ony saňa sowgat berýärin — diýdi. Şol wagt galyň deriden edilen köwşüň lakly köwşe gözüni gypanyny, lakly köwşüň hem şatlanyp öwşün atanyny hiç kim görmedi. Muny hiç kim duýmady, sebäbi bu wagt töwerekdäkileriň hemmesi — Ýura we Ýuliý, olaryň kakalary we çagalar öýünden bolan Kolýa dagy — begenýärdiler. Damanlar Damanlar — bu dagda ýaşaýan kiçijik batyr haýwanjyklar. Bir gezek dagyň depesindäki garlar eräp başlanda, suw edil derýa kimin akyp, akymy bilen üç sany damany alyp gaýtdy. Olar munuň ýaly başdan geçirmä taýýar däldiler, şonuň üçin hatda kimdir birini kömege çagyrmaga-da ýetişmediler. Bu hadysadan ejir çeken haýwanjyklaryň bar edip bilen zady, bagtyna, ýanlaryndan ýüzüp barýan ullakan agaç gabygyna ýapyşmak boldy. Kenarda belka böküp ýördi. Ol betbagtçylyga uçran haýwanjyklary gördi-de, nädip kömek etjegini düýbünden bilmän, kenaryň gyrasy bilen olaryň yzlaryndan ylgady. Suw hadysasy bilen göreşýänlere nädip hem bolsa bir göwünlik bermek üçin ol olara duýgudaşlyk bilen: — Belki, hoz isleýänsiňiz? Oklab-a biljek — diýdi. Damanlar haýran galyp, gözlerini petretdiler. Belka golaýdaky agaja bökdi-de, derrew gözden gaýyp boldy. Şonda damanlar özleriniň halas bolmasynyň öz ellerindedigine düşündiler-de, nädip halas bolmalydygynyň pikirini edip başladylar. Haýwanjyklaryň biri sowukdan ýaňa sandyrap: — Geliň, biri-birimize ýapyşalyň, ýogsam, ýekelikde hemmämizem heläk bolarys. Siziň ikiňizem meniň guýrugymdan ýapyşyp, örän berk tutuň — diýdi. Iki daman özleriniň betbagtçylykdaky dostunyň guýrugyndan berk aýaklary bilen ýapyşdylar, ol hem, suwuň üstünden sallanyp duran leýlisaçyň şahalarynyň aşagyndan ullakan agaç gabygynyň geçjek pursadyna garaşyp, güýjünde baryny edip bökdi-de, bir şaha ýapyşdy. Munuň ýaly şowlulykdan peýdalanan beýleki iki daman gapdaldaky şahalaryň üstüne bökdiler. Şeýdip, olaryň hemmesi agajyň üsti bilen kenara çykdylar. Olar mylaýym güneşiň astynda guranyp hem ýylanyp uzak wagtlap ýatdylar. Ahyrsoňy özlerine gelenlerinde, öýleri tarapa, ýagny özlerini dag akymynyň alyp gelen ýeri tarapa, ýörediler. Olar öz mesgenine golaýlaşanlarynda, garyndaşlary hinlerinden ylgaşyp çykyp, olaryň öňlerinden çykdylar. Olar dynman gygyryşdylar: — Nähili begençli zat! Serediň, biziň dostlarymyz gaýdyp geldiler! Bu hakyky baýramçylyk boldy. Halas bolan damanlary hakyky gahrymanlar ýaly garşy aldylar. Belka agajyň ýokarsyndan galmagally şagalaňa seredip durdy-da, bolýan zatlary ünsli synlap oturan gargadan: — Näme boldy? Näme üçin olary hakyky gahrymanlar ýaly garşy alýarlar? Ol damanlar beýle näme uly zat etdiler? — diýip sorady. Garga belka seretdi-de, uludan demini alyp: — Olar halas boldular — diýip jogap berdi. Jogap sorag berene seredende, garganyň özi üçin berildi. Psıhologyň ış otagy Psihologyň iş otagyna nobata durlar. Nobat kabul edilme başlanmazyndan öň peýda boldy. Psiholog iş ornuny eýelän badyna, içeri gelşikli, bedenine laýyk bolup duran gymmat penjekli ýaş ýigit girdi. Psiholog ullakan iş stolunyň başynda otyrdy. Giren ýigit onuň garşysyndaky kürsüde ornaşyp, arkasyny çalapa berip, bir aýagyny beýlekisiniň üstünde goýdy we elleriniň barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip, dyzyny tutup oturdy. — Men sizi ünsli diňleýärin — diýip, iş otagynyň eýesi aýtdy. — Düşünýärsiňizmi, mesele ine şunda, kafede haýsydyr bir garyp garry aýal ýa-da bir topar çagasy bilen bir ene ýanymda otursa, men işdämi ýitirýärin. — Siz olara hödür etmek isleýärsiňiz, ýöne muny nädip aýtjagyňyzy bilmeýärsiňiz, şeýlemi? Ýigit gaşlaryny galdyrdy, agzyny gyşartdy-da, şobada jogap berdi: — Ýok, beýle pikir etmeýärin — diýip, ol gürrüňini dowam etdirdi. — Meniň pikirimçe, garyplar we baýlar üçin belli bir ýerler bolmaly. — Hawa, kyn mesele — diýip, psiholog tassyklady. — Siz özüňize ýokary baha berýärsiňiz, görşüme görä, munuň çözgüdi şeýle: her gün irden naharyň öň ýanynda Filipililere haty, has takygy ikinji babyň üçünji aýadyny okaň «…başgalary özüňizden ýokary tutuň». Rimlilere hatyň on ikinji babynyň on altynjy aýadyny okamagam gowy bolar: «Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň». Ýigit ynanman hem umyt bilen hünärmene seredip: — Bu kömek eder diýip pikir edýärsiňizmi? — diýip sorady. — Iň bolmanda siziň üçin mümkinçilik bolar. — Sag boluň, men synanyşyp göreýin — diýip, ýigit aýtdy, onuň aýgytlylygy bolsa, nirädir bir ýere gaýyp boldy. Indiki gelen adam bosagadan gygyryp geldi: — Siz koridordaky nobaty görýärsiňizmi? Näme üçin adamlary saklaýarsyňyz? Tizräk kabul edip bolanokmy? — Oturyň — diýip, iş otagynyň eýesi mylakatlylyk bilen hüžžük saçly adama teklip etdi. — Sizi mundan başga näme bimaza edýär? — Goňşularym. Meni goňşularym bimaza edýär. Olar siziň ýanyňyza gelmek islemeýärler. — Siz şeýle etmek olara gerek diýip pikir edýärsiňizmi? Ol adam gygyryp: — Olara siziň ýanyňyza gelmäge birwagt çen boldy! Olar meniň talaplarymy ýerine ýetirmekden kejirlik bilen ýüz öwürýärler. Kejirligi kimdir biri bejermeli ahyry! Psiholog uludan demini alyp, çalaja ardynjyrady-da: — Kyn ýagdaý, men beýle maslahaty seýrek berýärin, ýöne ol size zerur. Ýatmazyňyzdan öňürti 1 Petrusyň bäşinji babynyň bäşinji aýadyny okaň: «…Hudaý tekepbirlere garşy bolýandyr, pes göwünlilere bolsa, merhemet edýär». — Maňa maslahat? — Size. — Goňşularyma näme? — Hemme zat öz-özünden düzeler diýip pikir edýärin. Iş otagyna eýýäm başga biri girýär: — Gymmatly wagtyňyzy alýanym üçin bagyşlaweriň, haýyş edýärin, işiňiziň kändigine düşünýärin, ýöne gaýrat edip, meni diňlärsiňizmi… Psiholog bu ýigidi kürsüde oturmagy haýyş etmeli boldy. Ol onuň garjaşykly gürrüňini ünsli diňläninden soň: — Siz özüňize pes baha bermeden ejir çekýärsiňiz. Ertirlerine Galatýalylara hatyň üçünji babynyň ýigrimi altynjy aýadyny okaň: «Çünki siz Isa Mesihe bolan imanyňyza görä Hudaýyň ogullarysyňyz…» we 1 Selanikliler bäşinji bap, bäşinji aýat: «Çünki siziň hemmäňiz nuruň ogullarysyňyz we gündiziň ogullarysyňyz…». Ýaýdanjaň oglandan soň garry aýal geldi. — Men juda ejir çekýärin — diýip, ol aýtdy. — Siziň pikiriňizçe, ol ejirleriň sebäbi nämede? — Men başgalarda bar zatlary edinmek isleýärin. — Diýmek, sizi göripçilik gynaýar-da? — diýip, psiholog çaklady. Aýal aşak seretdi-de, haýallyk bilen gürledi: — Men muny beýle atlandyrmak islemeýärin. — Ýöne meseläni nädogry kesgitlesek, onda ondan saplanmak mümkin bolmaýar. Aýal uludan demini alyp gürledi: — Näme diýseňizläň, siz mamla, meniň ýagdaýym göripçilige ýakynmyka diýip pikir edýärin. — Muny düzedip bolýar. Öýden çykmazyňyzdan öňürti Rimlileriň on üçünji babynyň dokuzynjy aýadyny okaň: «…kişiniň zadyna göz gyzdyrma…». Aýal maslahat üçin minnetdarlyk bildirip, pikire batyp çykyp gitdi. Iş otagyna bolsa, biri-birine edil ekiztaýy ýaly meňzeş bolan iki adam itekleşip girdi. Biri güýjünde baryny edip, beýlekiden gaty gygyrdy: — Aýtsaňyzlaň, biz näme etmeli? Biz biri-birimizi diýseň ýigrenýäris. Biz soň göklerde nädip oňuşarys? — Size — ikiňize-de — asla hiç zadyň aladasyny etmek gerek däl — diýip, psiholog olara ýüzlendi. — Siz ol ýerde bolmarsyňyz. Ekizler deňine gygyrdylar: — Ýöne bizi bu kanagatlandyrmaýar! — Beýle bolsa, ilki Ýahýanyň 1-nji hatynyň üçünji babynyň on bäşinji aýadyny okamaga çalşyň: «Doganyny ýigrenýän her bir adam ganhordyr…» Ekizler biragyzdan: — Rehim ediň, bu sözleri hatda aýtmagam gorkunç ahyry. — Hawa, ýöne olar örän täsirlidir — diýen jogap olara berildi. Iş otagyndan çykanlarynda, ekiz doganlar biri-birine ýol berdiler. Iş wagty ahyrlady, ýaňyja-da adamlaryň üýşüp duran zaly boşady. Diňe gapyny ýapaýmak galypdy, ýöne şol wagt ilki bolup giren gelşikli ýaş ýigit ylgap geldi. — Sizi saklaýanym üçin bagyşlaň, ýöne bir sorag galdy: men şypa alanymdan soň näme etmeli? Nädip ýene kesellemeli däl? Immuniteti nädip berkitmeli? Psiholog açary gulpuň içinde aýlap durşuna: — Witaminleri içiň. — Haýsy? — Mydama şatlanyň, dyngysyz doga ediň. Ýene: «Siz diri Hudaýyň ybadathanasy…» diýlip ýazylandyr — hünärmeniň soňky jogaby şu boldy. Serçe — Sen jezalandyrylarsyň! — diýip, serçe göni öňündäki tohumy alan geçiguşa haýbat atdy. Geçiguş tohumy çokdy-da, uçup gitdi. Serçe hiç köşeşip bilmedi. Ol bu tohumy adalatly bolan söweşinde garry kepderiden alypdy, haýsydyr bir geçiguş hem ony ogurlady! Serçejik ganatlaryny sesli galgadyp, şäher seýilgähiniň üstünde aýlandy. Ol ahyrsoňy ýadap, beýik garry talyň şahasynda oturdy. Serçäniň bokurdagy gurady, onuň suw içesi geldi. Aşakda üýşmek suw ýalpyldap durdy. Serçe aşaga uçup düşdi. Ol bu üýşmek suwuklygyň duran ýerinde suwuň ýokdugyny bilmedi-de, bat bilen uçup baryp oňa girdi… ol eredilen smolanyň içine düşdi. Gurluşykçylar jaýlaryň üçeklerini bejeripdiler-de, işden soň yzlaryny ýygnamandylar. Görgüli guşuň penjelerini smola berk tutup durdy. Başda serçe çykmaga synanyşdy, ýöne tizara munuň mümkin däldigine düşündi-de ümsüm boldy. Suwuk smolanyň üstünden garry kepderi uçup geçip barýarka, serçäni görüp, oňa nebsi agyrdy, soň oňa kömek etmegi makul bildi. Seýilgähde çagalar gezelenç edip ýördüler, şonuň ýaly gezelenç edip ýören bir çaganyň öňüne baryp, kepderi ýere gondy. — Eje, eje — diýip, çaga ejesini çagyrdy — seret, görgüli ýaraly kepderi! Ol nähili agsaýar, gel, onuň penjesini saraly. Ejesi kepderini eline aljak boldy, emma ol derrew uçup yza çekildi. Ol kepderini ýene alyp göterjek boldy, ýöne ol ýene uçup yza çekildi. Şeýdip, çagaly aýal içinde serçejigiň öljek bolup duran ýeri bolan eredilen smola çenli ýol bilen süýşüp geldiler. — Hä-ä, ine, bu mekirje bizi nirä alyp gelen eken! — diýip, çaganyň ejesi betbagt serçäni görende aýtdy. Serçejigi smoladan çekip çykardylar, serçe hem azatlygy duýup, halas edijisiniň elinden sypdy-da, uçup garry talyň üstüne çykdy. Hapa penjeleri ýapyşagandy we ýigrenjidi. Olary arassalamak üçin serçe şahadan şaha uçup, yzynda aýak yzlaryny galdyrdy. Goňşy agajyň üstünde garga bu böküşleri synlap gülüp otyrdy. Serçe oňa gaharly gygyrdy: — Men aglaýaryn, sen begenýärsiňmi? Garga uçup gitdi, gaharlanan serçe giç agşama çenli onuň gelşiksiz hereketini ýazgardy. Gün beýik agaçlaryň aňyrsynda gizlendi, serçe hem ýygrylyp, garry talyň şahalaryna berk ýapyşyp uka gitdi. Ol irden oýandy-da, özüni dynjyny alan, güýçli hem şadyýan duýdy. Iýmit gözlemäge gitmegiň edil wagty bolupdy. Seýilgähiň oturgyjynyň ýanynda bir oglanjyk guşlary çöregiň owuntyklary bilen naharlap durdy. Serçe guş bazarynyň edil ortasyna baryp, arkaýyn kepderileriň öňlerinden süýjüje owuntyklary çalasynlyk bilen alyp başlady. Oglanjyk çörek atmasyny bes etdi, ol utançsyz guşy nädip kowmalydygynyň pikirini etdi. Iýmit diňe onuň üçin däldi ahyry! Ol beýle tarapyna öwrüldi, ýöne oglanjyk çörek owuntyklary nirä oklasa-da, utançsyz serçe iýmitiň ýanyna ilki bolup barýardy. Oglanjyk papagyny çykaryp, serçäni tutdy. Papagyň aşagynda serçe şeýle bir ses etdi welin, muny oturgyjyň ýanyndan geçip barýan garry aýalam eşitdi. Ol saklanyp, oglanjyga: — Heý-de guşy şeýle gynarlarmy? Sen çöregi ony aldap tutmak üçin getirdiňmi? — Bu guş beýleki guşlaryň hemmesini aç goýdy. Goý beýlekiler iýip bolýançalar, ol papagyň aşagynda otursyn — diýip, oglanjyk jogap berdi. — Guşlaryň öz kanuny bar, özleri düşünişerler. Ýesir düşeni goýber, ony gynama. Oglanjyk papagyny galdyrdy, soň serçe iki tarapa elewredi hem gaharly jürküldedi: — Maňa çörek owuntyklaryny gysgandylar! Bu açgöz guşlara serediň-ä! Diňe özleri hakda pikir edýärler. Näme üçin hemmeler maňa adalatsyz daraýarkalar?! Näme üçin men mydama bir zadyň üstünden barýarkam?! Indiki minutda eýýäm serçe garry talyň şahasynda otyrdy welin, birden kimdir biri onuň ýanynda uludan demini aldy. Ol gorkup daş-töweregine göz aýlady, emma hiç kimi görmedi. Garry tal şeýle ses çykaraýdymyka? Serçe agajyň beýle ses çykarmaga ukyplydygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Ýöne üstesine-de, tal birden gürledi: — Akmak guşjagaz, öz durmuşyňda näme sebäpden beýle bolgusyzlyklaryň kän bolýandygyny soraýarsyň. Özüňe bir seret. Nämeler edýärsiň? Sen meniň şahalarymy dyrnap çykdyň, maňa smola çalyp çykdyň, sen bolgusyz jürküldiň bilen mydama meni birahat edýärsiň, men bolsa, her gezek saňa şahalarymyň astynda gonalga berýärin we seniň akyllanaryňa hem mylakatly bolaryňa garaşýaryn. Haçan diňe öz pikiriňi etmegiňi goýjak? — Men seniň üçin näme edip bilerin? — diýip, serçe gorkup jürküldedi we jogaba garaşman, talyň daşyndan aýlanyp, ony birahatlykdan goramak üçin beýleki guşlary kowup başlady. Serçe begendi, ol ahyrsoňy ýagşylyk etmegi başardy. Soň ol hapa atylýan ýere baryp, ol ýerden lentajyklary, esgijikleri alyp gelip, olary talyň şahalaryna dakyşdyrdy — bu guşlaryň şahalara gonmaly däldiklerini we olary hapalamaly däldiklerini aňladýardy. Serçe uzak gün başagaý boldy, tal bolsa, serçä wajyp bir zat aýtjak boldy, emma aýdyp bilmedi. Serçe şeýle bir başagaýdy welin, onuň diňlemäge eli degenokdy, ol diňe uçup ýördi. Soň ol tal suwsaýandyr öýtdi-de, golaýdaky suw üýşmegindäki guşlaryň hemmesini kowdy-da, suwuň agaja gerekdigini we diňe öz aladaňy etmeli däldigini aýtdy. Serçe agşama çenli agzynda suw daşap, taly suwardy, agşama golaý halys ýadanyndan soň, garry agajyň üstünden gonalga gözlemedi-de, garry tala ýagşylyk etmek üçin mahrum edilmeleri we görgüleri çekmäge taýýar bolup, tikenli şahalaryň içinde gizlendi. Ir ertir bilen serçe oýananda, özüni ýadaw duýdy, ýöne ýene uzak gün taly suwarmagy planlaşdyrdy. Bu plany amala aşyrmaga bol ýagyş alyp gelen äpet bulut päsgel berdi. Bir pursadyň içinde seýilgäh suwlandy. Serçe aljyrady. Ol ýelekleriniň ujuna çenli ezildi. Bu zatlaryň hemmesi öz aladasyny etmän, diňe garry talyň aladasyny edeni üçin bolupdy. Beýleki guşlar özlerini gowy duýýardylar, sebäbi seýilgähdäki beýleki agaçlaryň şahalarynyň içinde gowuja gizlenipdiler. Gözgyny myžžyk serçejik garry talyň şahasynyň iň gyrajygynda oturyp aglady. — Näme üçin hemme zat beýle adalatsyz bolýarka? Olar zähmet çekmediler, hiç kimiň aladasyny etmediler, indi gury hem hoşal bolup otyrlar. Men bolsa, uzak gün işledim, ýekeje gezegem öz aladamy etmedim, indi bolsa myžžyk bolup aglap otyryn. Tal agyr dem alyp gürläp başlady: — Men guşlar üçin gaçybatalga bolup bilýänime şat. Men özümi tagaşyksyz guşjagazlaryň penjeleriniň dyrnaýanyna şat. Maňa özümiň agaç bolanym ýaraýar, maňa seniň şahalarymyň içinde gizlenmek üçin gaýdyp gelýäniň ýaraýar. — Men seniň üçin näme etmeli? — diýip, serçe arz ediji äheňde sorady. — Diňe ýaşa. Diňe seniň geleniňe mydama şatdygymy bil — diýip, tal jogap berdi. Serçe iň oňaýly şahada oturdy, perlerini bulutlaryň arasyndan jyklaýan güneşe guratmak üçin tutdy. Aşakda iýmit gözleýän guşlar başagaýdylar. Serçe olara seretdi, ýöne onda indi kimdir biriniň agzyndan süýjüje owuntygy garbap alma islegi peýda bolmady. Ol hiç kime nämedir bir zady subut etmek, aýratynam, başagaý bolmak islemedi. Ol özbaşyna bolup bilýänine we özüni kimdir biriniň şol bolşuna kabul edýänine diňe begendi. Baýramçylyk Igor pikirlenip, balkonda durdy. — Seniň ýekeligiňi bozsam zyýany ýokmy? — diýen kakasynyň sesi içerden eşidildi. Igor kakasy bilen öz pikirini paýlaşyp biljegine begendi. — Men öz dostlarymy begendirmek isleýärin, olar üçin hakyky baýramçylyk gurnamak isleýärin. Kaka, mekdepde meniň dostlarymyň kändigini, olaryň nähili gowudyklaryny sen bilýärsiň. Olar baýramçylyga mynasyp — diýip, Igor aýtdy. Kakasy ýylgyrdy: — Men bolsa, seni begendirmek isleýärin, hemme zatda maňa bil baglap bilersiň. Igor baýramçylygyň iň ownuk zatlaryna çenli pikirlendi: çakylyk hatyny nädip bezemeli, zaly nädip owadan etmeli, çyralar, saz, stoluň örtgüleriniň we süpürgiçleriň reňkleri nähili bolmaly, gap-çanaklar nähili bolmaly, nähili nahar taýýarlamaly. Baýramçylyk üçin ýeri kakasy bilen ogly bile saýladylar-da, şäherdäki iň owadan dabara zallarynyň birini tutdular. Myhmanlara garaşylmadyk sowgatlar taýýarlanyldy, bäsleşiklere we tapmaçalara gatnaşmak isleýänlere sylaglar goýuldy. Hemme zat bellenilen güne taýýar boldy. Diňe Igoryň ýörite baýramçylyk üçin sargyt eden tortuny getirmek galdy. — Ony sen mensizem edersiň — diýip, kakasy aýtdy. — Igor pikirlendi-de, barybir başga biriniň kömegi bolmasa bolmaýar diýen netijä geldi, şonuň üçin ýakyn dostlarynyň ikisinden irräk gelmegi haýyş etdi. Dostlary höwes bilen razy boldular. — Men diňe torty alyp gelmäge gidýärin, derrew gelerin, soň biz baýramçylygy başlarys — diýip, Igor aýtdy. Ol gitmäge ýetişmänkä, sabyrsyz myhmanlar yzly-yzyna gelip başladylar. Igoryň iň gowy dosty: — Serediň, hemme zat taýýar, myhmanlaram eýýäm geldiler. Igor näme? Gitdi, tiz geljegini aýtdy, ýöne bu yza çekme düşünjesi. Geliň, oňa garaşmalyň. Beýleki gowy dosty hem ony goldady: — Ylalaşýaryn. Igor bu zatlaryň hemmesini özi üçin däl-de, myhmanlar üçin etdi ahyry. Myhmanlaryň içleri gysmaz ýaly başlalyň — diýip, myhmanlara ýüzlendi: — Gadyrly myhmanlar, baýramçylyk başlanýar! Myhmanlar höwes bilen stollaryň başyna geçdiler-de, baýramçylyga başladylar. Köpüsi dabarany kimiň, näme üçin gurnanyny bilmeýärdi, sebäbi olara hiç kim hiç zat düşündirmändi. Igor torty alyp geldi. Ol uzakdan saz sesini eşitdi we dabara zalynyň ýapykdygyny gördi. Ol köp wagtlap gapyny urdy, emma hiç kim açmady. Ahyrsoňy garawul çykdy-da, kimiň we näme üçin gapyny kakýanyny sorap başlady. Şadyýan dostlary nähili meseläniň bardygyny bilmek üçin çykanlarynda, Igory görüp, garawula buýruk berdiler: — Goýberiň, ol özümiziňki! — Soň Igora sahylyk bilen teklip etdiler: — Guýuber! Bu ýerde hemme zat şeýle gowy! Igor sowgatlary we baýraklary bäsleşiksiz hem tapmaçasyz alýanlaryny gördi. Söýgi bilen taýýarlanylan suwenirli sebetleriň daşynda nähili başagaýlygyň bardygyny gördi. Başagaýlyk diňe sebetler boşanyndan soň gutardy. Ol gaýgylandy. Şol pursatda onuň ýakyn dostlarynyň biri ylgap geldi-de, şatlyk bilen: — Gaty gowy boldy! Hakyky baýramçylyk, edil seniň isleýşiň ýaly. Hemmeler şat. Näme özüň gaýgyly? Ertesi gün Igor mekdepde dostlaryna duş geldi-de, baýramçylyga baranlardan: — Agşamky baýramçylyk nähili geçdi? — diýip sorady. — Gaty gowy boldy — diýip, oglanlaryň köpüsi aýtdy. Iýmiti, zalyň bezelişini, süýji torty, sowgatlary… öwdüler. Adaty bolmadyk baýramçylyk! — Ony kimiň taýýarlanyny bilýärsiňmi? — diýip, Igor hemmesinden sorady. «Aslynda maňa tapawudy ýok, esasy zat, hezil boldy we hemmelere ýarady» — diýip, olaryň köpüsi aýtdy. Igor gynandy. Mekdepden öýüne gelende, ol özüniň gowuja pikir edip bilýän ýeri bolan balkona çykdy. Ol kakasynyň sesini eşideninde, eýýäm agşam bolupdy. — Seniň ýekeligiňi bozsam zyýany ýokmy? Igor kakasyna öz duýgularyny görkezmek islemedi, ýöne, eýsem, ondan zat gizläp bolýarmy? — Näme, lapykeçmiň? Garşy çykmagyň manysy ýokdy. Kakasy oglunyň egninden gujaklady-da: — Ýadyňdamy, biz Injilde üzümçilik hakdaky tymsaly we üzümçiligiň ösüp, miwe getirip başlamagy üçin şeýle köp zat etmelidigi, zähmet çekmelidigi hakda okapdyk. Biziň her birimizde hakyky şatlygyň bolmagy, Onuň kömegi bilen edýän gowy işlerimiz üçin her birimiz mynasyp bolan baýragymyz üçin Isa Mesihiň näçe gulluk edenini sen bilýärsiň. Biziň ýüreklerimize ýagşylyk etmäge çalyşmany Ol saldy ahyry. Düşün, hemme zady Onuň edenini, baýramçylygy gurnanyny bilmek nähili wajyp. Düşüneniňde, meniň bilen ylalaşarsyň: mundan soň, gynanmak we gaýgylanmak, eýsem, mümkinmi? Garaňkylyk we ýagtylyk Wanýajyk aşa köp buzgaýmak iýdi, şol sebäpli-de, bogazy agyrdy. Soň ol sapaklaryndan galmaly boldy. Öýde onuň ýanynda işinden bir günlük rugsat alan kakasy galdy. Wanýa uzak gününi kakasy bilen geçirjegine juda begendi, sebäbi kakasy bilen mydama hezillik bolýardy. Ine, bu gezegem kakasy ogluny lapykeç etmedi. Ol surat albomyny aldy-da: — Gel, ikimiz ertekiniň suratyny çekeli — diýdi. — Bilemi? — diýip, Wanýajyk sorady. — Elbetde — diýip, kakasy eline galam alyp, gürrüň berip başlady: — Bir şäherde adaty adamlar ýaşapdyrlar. Olar garaňkylykda ýaşapdyrlar. Ýagny nadanlykda ýaşapdyrlar, sebäbi garaňkylyk — bu adamyň ýagşyny ýamany tapawutlandyryp bilmezligidir. — Biz ikimiz bu barada Mukaddes Kitapda okapdyk ahyry! Ol ýerde garaňkylygyň nadanlykdygy aýdylýar. Şonuň ýaly ýagdaýda adamlar özleriniň erbet hereketlerini günä hasaplamaýarlar — diýip, Wanýa ýadyna düşürdi. — Hawa, dogry. Töweregiň garaňky bolsa, ýörejek ýeriňi görmeýärsiň, şeýdibem, islemeýän zadyň içine düşýärsiň. — Günä ýa-da ýamanlygamy? — Hawa, ýamanlyga-da. Daşyndan göräýmäge bu şäheriň ýaşaýjylarynyň hemme zatlary gowudy. Öýleri arassady, geýimleri ütüklenendi, ädikleri tamizlenendi, ýöne adamlaryň ýürekleri şunuň ýalydy — diýip, kakasy ýyrtyk geýimli gülkünç kirlije oglanyň suratyny çekdi-de, sözüni dowam etdirdi: — Bu şäherdäki gatnaşyklaryň nähili ýola goýlandygyna bu şähere mahsus bolan, ine, şunuň ýaly zatlardan düşünmek bolýardy: alyjy dükana girýär-de, satyjydan peýnir bilen ýag bermegini gödeklik bilen soraýar. Satyjy harydy çekdi-de, ony stoluň üstüne oklap goýberdi. Kakasy galam bilen şu wakanyň suratyny çekdi. — Alyjy gapyny tarkyldadyp ýapyp, dükandan çykdy. Dükana başga bir alyjy girýär welin, birinji alyja gaharlanýan satyjy gaharyny ondan çykarýar. Öýkelän alyjy gapyny tarkyldadyp ýapyp, dükandan çykyp gidýär. Kakasy munuň nähili bolandygynyň suratyny çekdi. — Iş gününden soň, satyjy öz ýakynlaryna işi bilen baglanyşykly bolan zatlaryny gürrüň berdi we gaharly emosiýalaryny erkine goýberdi. Bu wagt onuň alyjylary öýündäkilere gödek satyjynyň hereketlerini suratlandyrdylar. Şeýle ýagdaý her gün bolýardy. Bu şäheriň ýaşaýjylary şunuň ýaly durmuşy kadaly hasaplaýardylar. Içinde duran garaňkylygy özleriniň ruhy ýagdaýyny we hereketlerini olardan gizleýärdi. Ine, şeýle täsin şäherdi. Diňe bir dükanlara degişlileri däl-de, eýsem, ähli gatnaşyklarda-da şeýledi. Bir gün ol ýere geçip barýan bir ötegçi barýar. Ol maşynyny şol gürrüňini eden dükanymyzyň ýanynda goýdy. Içeri girende bu adam satyjy bilen mylakatly salamlaşýar-da, ondan peýnir bilen ýag çekmegini haýyş edýär. Satyjy munuň ýaly gürleşik sebäpli aljyraýar-da, peýnir bilen ýagyň niredediginem ýatdan çykarýar. Şu pursatda ýerli ýaşaýjy gelýär-de, adatdakysy ýaly gygyrýar: «Sen beýdip uzak wagtlap durjakmy?» Satyjy hem edil şonuň ýaly gödeklik bilen jogap bermekçi boldy, ýöne mylakatly alyjynyň barlygy ony beýle etmekden näme üçindir saklady. Ol özüniň haýal hereketliligi üçin ötünç sorap, alyjynyň aljak zatlaryny berip başlady. Gödek gürlän alyjy satyjynyň mylakatly jogabyny eşidip, birden özüne nätanyş bolan duýgyny duýdy: ol utandy, ol özüniň mamla däldigine düşündi we… gaharlandy. «Bol, çalt işle — diýip, ol satyja gygyrdy — sen näme üçin aýlyk alýarsyň?» gödek adam satyjynyň hemişekisi ýaly gaharlanyp, gödeklige gödeklik bilen jogap bererine garaşdy. Beýle bolmady! Satyjy ýene saklandy-da: «Men jan edýärin» — diýip, mylakatly jogap berdi. Mylakatly alyjy harydyny alyp, minnetdarlyk bildirdi we dükandan çykdy. Gödek adamam zatlaryny stoluň üstünden tasap alyp, gapyny tarkyldadyp ýapyp daşary atylyp çykdy. Ol juda gaharlydy. — Kaka, aýtsana, näme üçin bu adam ýagşylygy görübem, ýamanlygyna galmakçy boldy? — diýip, ogly sorady. — Onuň işleri şeýle erbetdi welin, şol sebäpden hem ýagşylyga ýer galmandy. Ol adam ýolda öňünden çykan her bir adama akmak, iş başarmazak, stolunyň üstündäki harytlaryny tapyp bilmeýän, peýniriň hem ýagyň nirededigini bilmeýän satyjy hakda gürrüň berdi. Bu habar dükanyň eýesiniň gulagyna baryp ýetdi, şol sebäpden hem ol satyjyny işden boşatdy. Görgüli aýal adalatsyz ynjydyldy. Erbet alyjydan ar almaklyk, oňa gargamaklyk, sögünç baryny onuň üstüne ýagdyrmaklyk — bu şäheriň ýaşaýjylary üçin adaty zatdy. Ýöne öňki satyja beýle etmäge nämedir bir zat päsgel berdi. Ol hatda nämäniň päsgel berenine-de düşünmedi. Mylakatly nätanşyň göreldesine eýerip, onuň hem şol adamda bar bolan ýagtylygy alanyny bu şäherde hiç kim öňki satyja düşündirip bilmedi. Şol ýagtylyk hem indi dogry ýol görkezýärdi. Şol ýol hem öz ýüregiňi we başgalaryň ýüreklerini arassa saklamak üçin näme etmelidigini aýdýardy. Öňki satyjy şäherindäki adamlaryň ýazgarmasyna seretmezden, öz hereketlerinde ýagtylyk görkezmäge başlady. Bu aňsat däldi. Ýöne onuň bilen gürleşenlerinden soň, ilki şäheriň az sanly adamlarynyň hem ýagtylyga ynanyp başlandyklaryny görende, ol begendi. Wagtyň geçmegi bilen ýagtylyga gelenleriň sany gitdigiçe köpelip başlady. Garaňkylykda galanlar bolsa, gaharlandylar, sebäbi olaryň haramlyklary gitdigiçe aýdyň bolup başlady. Olar: «Eý, siz, aňkawlar hem kemakyllar!» diýip, ýagtylygy gowy görenleriň gaharlaryny getirdiler. Ine, şonda hemme kişi özüni saklap bilmedi. Käbirleri içinde öwşün atyp duran ýagtylykdan ikirjiňlenmän ýüz öwürdi. Bilýärsiňmi nädip? Olar garaňkylykdakylardan tapawutlanmajak bolup, gödeklige gödeklik bilen jogap berip başladylar. Olar şeýle etmek isländikleri üçin däl-de, olaryň özleriniň gaharyny getiräýmeginiň mümkindiginden gorkdular. Mundan başga-da, olar durmuşyny bolmalysy ýaly ýola goýup bilmezliklerinden gorkdular, işden kowulmalardan we ýamanlygyň edip biläýjek beýleki erbetliklerinden gorkdular. Ol adamlaryň içlerinde ýagtylyk bardy, olar ýamanlygy ýagşylykdan tapawutlandyryp bilýärdiler, emma ýamanlyga tabyn boldular. Şonuň üçin, ine, şunuň ýaly boldular. — Kakasy ogluna birinji çeken suratyny, ýagny hapa geýimli oglanjygyň suratyny görkezdi. — Oglum, saňa Mukaddes Kitap mekdebinde şem barada sapak berildi. Şol hem Mukaddes Kitapdan. Onda şemi ýakyp, küýzäniň aşagynda goýmaýandyklary, gaýtam, hemmeler görer ýaly edip goýýandyklary hakda aýdylýar. Ýazgynyň şu ýerini gowuja ýatda sakla, bolýarmy? — Bolýar, kaka, ýöne nädip garaňkylyga düşmeli däldigini aýt. — Özüňde saňa sowgat berlen ýagtylygyňy ýitirme. Ýykylmaýan gurjaklar Täzeje açyk reňk bilen reňklenen ýykylmaýan gurjaklar jaňjagazlaryny şadyýan jyňňyrdatdylar. Olar fabrigiň tekjelerinde günortanlyk nahary wagtynyň gutararyna we satuwa çykarmak üçin özlerini işçileriň alaja gaplara gaplaryna garaşýardylar. Oýnawaçlar iki baka dynman yrandylar. Olar özlerini her neneň güýçli itekleseler-de, deňagramlylygy saklamagy gowy görýärdiler. Olar masgara bolup, ýere asla gaçyrmajak aşa ygtybarly içki gurluşyna buýsanýardylar. Birden hemmeleriň joşup duran ýürekleriniň keýpi adaty bolmadyk waka sebäpli bozuldy: ýykylmaýan gurjaklaryň biri yrandy-yrandy-da, ýere gaçyp, şol ýerde hem gapdallaýyn ýatyberdi. — Näme boldy? — diýşip, onuň joralary gorkdular. Ýere gaçan gurjak ýylgyryp: — Maňamy? Hiç zadam bolanok. Men siz ýaly, içimde oturdylan gödek, jansyz guralyň islegi bilen ýaşamak islämok — diýip jogap berdi. — Sen ýykylmaýan gurjak ahyry, özüňem, ýykylyp ýatyrsyň — diýip, iň gowy jorasy janygyp aýtdy. Ýykylyp ýatan gurjak hümledi-de: — Hany, men ýaly ýykyljak bol. Näme, bolanokmy? Sebäbi sen — kütek mähelle, üýşmeleň. Men bolsa, indiwiduallyk. Islesem ýatýaryn, islemesem turýaryn — diýdi. Bu sözlerden ýaňa yraň atyp duran ýykylmaýan gurjaklar doňup galdylar. Olaryň biri şübhe bilen: — Belki, ol mamladyr? Näme üçin biz haýsydyr bir bölek demre gulak asmalymyşyk? Menem isleýän zadymy etmek isleýärin — diýdi. Muny aýdan gurjak güýjünde baryny edip yrandy-da, tekjäniň gyrasyna uruldy. Deňagramlylygy saklaýan gural işledi, soň gurjak öňki durşuna gaýdyp geldi, ýöne onuň kellesinde ullakan ýemşeren ýeri galdy. Onuň yzy bilen ýene bir ýykylmaýan gurjak gaharlandy: — Dogrudanam, özüňi alyp barmanyň normalaryny biziň kellämize kim saldy? Näme üçin biz oýnap haýsydyr bir çagajyga durnukly durmagyň wajyplygyny öwretmelimişik? Şu sözlerden soň, bu ýykylmaýan gurjak bökdi, şondan soň hiç kim onuň sesini eşitmedi. Onuň şadyýan jaň sesini berýän zaňlarynyň berkidijisi üzüldi. Şeýle-de bolsa, gapdallaýyn ýykylyp ýatan gurjak köşeşmän, beýlekileri öjükdirmegi dowam etdi: — Ýeri, ýene kim men ýaly batyr hem azat bolmak isleýär? Goh-galmagal başlandy, oýnawaçlar ýere gaçyp, gaýdyp ýerlerinden galmazlyk üçin nämeleri oýlap tapmadylar. Ahyrsoňy bir gurjak gorky bilen: — Biz özümizi beýle alyp barmaly däldiris — diýip gygyrdy. — Näme üçin? — diýip, pitne turzan joralary soradylar. — Bilemok, ýöne beýle etmeli däl, bolany. — Onda näme etmek bolýar? Diýen ediji gurjak aglady: — Diňe ýykylmaýan gurjaklygymyza galmak bolýar. Ýogsam… — Ýogsam näme? Aýdyber! Diýen ediji gurjak: — Bizi oýlap tapan adam gynanar. Şol wagt sehiň çyrasy ýandy, fabrigiň işgärleri günortanlyk naharyndan gaýdyp geldiler. — Bu ýerde nämeler bolýar? — diýip, olaryň biri haýran galdy. Ýykylmaýan gurjaklaryň hemmesi gapdallaýyn ýatan döwük gurjaga tarap seredip durdular. Olar ýerinden turman ýatan gurjagyň batyrlygyna haýran galýardylar, sebäbi ol adamlardan gorkmady we olar gelenlerinde, ýerinden turjagam bolmady. Olar ýerdäki gurjakdan beýlekileriň nähili ýaşamalydyklary we hereket etmelidikleri babatdaky indiki görkezmelere garaşdylar. Ýöne şol wagt işçi ýerde ýatan gurjagy gördi-de: — Bu zaýa — diýdi. — Bejerip bolýarmy? — diýip, ondan ýoldaşy sorady. — Ýok, ondaky goýlan enjam eger işlemese, onda tutuş gurjak zaýalanan bolýar, bejerip bolmaýar. — Diýmek, ol zaýalanypdyr… — beýleki gurjaklar gorkup pyşyrdaşdylar. — Seret, bu gurjagyň kellesinde mynjyran ýeri bar, munuň bolsa, zaňy jyňňyrdamaýar — diýip, işçi aýtdy. — Olary-da zaýalaryň içine goşmaly. Galanlaryny gaplabermeli. Hyzmat Sapak başlanmazynyň öň ýanynda klasda galmagal bolýar. Dynç gününden soň, 4“a”-daky çagalar boş wagtlaryny nähili geçirendiklerini aýdyşýarlar. Slawa öwünýär: — Men sirke gitdim. Pilleri gördüm. — Olar näçe sany eken? — diýip, ondan soradylar. — Üç — diýip, Slawa jogap berdi. — Men bolsa, enemlere gitdim — diýip, Paşa gygyrdy. — Ol aýlagyň kenarynda ýaşaýar. Gün dogan badyna enem ikimiz… — Maňa gulak asyň — diýip, Semýon Paşanyň sözüni bölýär. — Menem enem bilen sirke gitdim. Ýöne biz pilleri däl-de, begemot gördük, özem juda ullakan, ol sütünlere dyrmaşdy. Soň enem, men we begemot bile surata düşdük. Şeýle gülkünç masgarabazlaram bardy… Semýon şeýle bir gyzyklanma bilen gürrüň berýärdi welin, hatda çagalaryň bir toparynyň ýerli-ýerine geçeninem duýmady, ol ýerde galanlaram, içgysgynç gözleri bilen seredip durdular. Jaň sapaga çagyrdy. Hiç kim mundan başga zat gürrüň bermäge ýetişmedi. Sapakdan soň, Paşa bilen Slawa koridora çykdylar. — Sen doglan günüňe kimi çagyrjak? — diýip, Paşa sorady. — Men bütin klasy-da çagyrardym. Hemmesinem, ýöne Semýondan başgasyny — diýip, Slawa jogap berdi. — Ony hiç kim hiç ýere çagyrmaýar — diýip, Paşa ýylgyrdy. — Sebäbi ol bar ýerde diňe şonuň sesi eşidilýär — diýip, Slawa alyp göterdi. — Hiç kime söz aýtmaga goýmaýar. Semýon, edil özüni biri çagyran ýaly, oglanlaryň ýanyna ylgap geldi-de: — Oglanlar, geliň içaly oýnuny oýnalyň — diýip teklip etdi. Slawa bilen Paşa biri-biriniň ýüzüne seretdiler. — Men-ä öz işimi etjek — diýip, Paşa jogap berdi. — Men bolsa, Paşa kömek etjek — diýip, Slawa aýtdy. Semýon başyny sallady. Ine, ýene ony inkär edýärler. Eýsem, özi bilen dostlaşmak islemeýändiklerini ol görenokdymy we muňa düşünenokmydy? Ýöne näme üçin? Ol hemmeleriň göwünlerine ýaramagy, gowy görünmegi, hemmeleri gyzyklandyrmagy, ünslerini çekmegi jandan isleýär ahyry! Sapaklardan soň Semýon Paşanyň ýanyna baryp, indi nygtap däl-de, haýyş edýän äheňde teklip etdi: — Belki, içaly oýnuny oýnarys? Howa-da şeýle gowy… Paşanyň klasdaşyna nebsi agyrdy, şonuň üçin uludan demini alyp: — Bolýar. Ýöne portfelimi öýe goýaýyn. Içaly oýnuny oýnamak şeýle gyzykly ahyry! Howa babatda-da işimiz şowuna düşdi. Baharyň sowuk şemaly içiňden geçip barýar, hemme ýerde buz ýaly suwdan doly bolan suw üýşmekleri bar. Içalylar we uruş gahrymanlary şunuň ýaly şertlerde hereket edipdirler. Özüňi hakykatdanam uruşda ýaly duýmak mümkin bolan ýer, elbetde, köne seýilgähdäki weýran bolan köpriniň aşagydy. Semýon bilen Paşa şol ýere-de gitdiler. — Bizi görmezleri ýaly, ýuwaşjadan düş — diýip, Semýon, edil hakyky içaly ýaly bolup, gözlerini ýumjardyp, köprä ogrynça golaýlaşyp başlady. — Bizi yzarlamaýandyklaryna sen ynamlymy? — diýip, Paşa biynjalyk bolup sorady. — Ynamly — diýip, Semýon içalylyk edilende aýdylyşy ýaly, çalt hem ýuwaş jogap berdi, soň hem, meseläni anykladylar: — Tizara bu ýerden ok-därili otly geçýär, bize partlaýjy serişdeleri goýmaga ýetişmek gerek. Ol hyýaly bikford ýüpüni towlady, ony köpriniň aşagyna «berkideninden» soň, derrew suw tarapa ylgap gitdi, sebäbi hakyky içalylar diňe bir derýanyň kenarynda ylgaman, eýsem, suwuň içinde hem ylgaýarlar. Hemme kinolarda şeýle görkezýärler. Paşa suwa girdi-de, suw damjalary dürli tarapa pytrap gider ýaly, aýgytly ylgamak isledi, emma beýle bolmady. Ol aýagyny galdyryp bilmedi. Kenar we derýanyň düýbi gyryndyly eken, ýelmeşegen läbik oglanyň aýaklaryna ýapyşdy. — Semýon! — diýip, Paşa gygyrdy. — Meni batga çekýär. Semýon ilki ynanmady. Oýundyr öýtdi, ýöne Paşanyň eýýäm dyzyna çenli suwa batanyny görende, ýüregi ýarylan ýaly bolup, kömege ylgady. Ol Paşanyň elinden tutup, bar güýji bilen çekip başlady. Bu tagalla ýeterlik bolmady, şonuň üçin Semýon dyza çöküp, ikinji eli bilen agaja ýapyşmaly boldy. Şeýdip, batgalykdan çykmak başartdy. Paşa aýagynyň aşagynda kenaryň gaty ýerini duýdy, soň hem, gözýaşyny zordan saklady. Ol aşa gorkupdy, güýçli tolgunmany başdan geçiripdi, hawa, onuň häzirki ýagdaýy-da, gözgynydy. Jalbaryndan hapa akyp durdy, kurtkasam myžžyk bolupdy. Şemal rehimsizlik bilen süňňünden geçip barýardy. — Indi biz hakyky içalylar — diýip, Paşa aýtdy. — Belki, men ylgap gury eşik getirerin? — diýip, Semýon oýnuň gutarandygyny duýdurdy. — Men bu ýerde ýeke galmaga gorkýaryn — diýip, Paşa sowukdan ýaňa titreýän dodaklary bilen gürledi. Olar Semýonyň öýüne gitme kararyna geldiler, sebäbi onuň öýünde hiç kim ýokdy. Onuň öýüne barýan ýol aňsat bolmady. Paşanyň aýaklary doňdy, şonuň üçin diýen etmek islemeýärdi. Öňlerinden çykanlar nirede bolup gelýändikleri belli bolmadyk görgüli oglanlara şübheli seretdiler. Semýonyň öýünde içalylar ýuwundylar, hapa geýimlerini ýuwdular, gury geýim geýdiler. — Näme diýseňem, biz urşy gowuja oýnadyk — diýip, Semýon aýtdy. — Hawa, maňa-da ýarady — diýip, Paşa aýtdy. Ol dostuna minnetdarlyk bildirmek, oňa gowulyk etmek isledi, şonuň üçin: — Bilýärsiňmi, sen umuman gaty gowy oglan — diýdi. Munuň ýaly öwgüden ýaňa Semýon begendi. Ýöne Paşa sözüni dowam etdirdi: — Ýöne sen kän gürleýärsiň. Hemmeler seni diňlemeli, sen bolsa, hiç kimi diňlemek islemeýärsiň. Şonuň üçin seniň bilen hiç kim dostlaşmak islemeýär. Paşanyň özünden göwni hoşdy, ol özüne açyklygy üçin Semýonyň gowy baha bererine ynanýardy, sebäbi edilen bellik Semýonyň bähbidi üçin aýdylypdy. Ýöne munuň deregine Semýon birden gaharlandy: — Hany, ýok bol şu ýerden. Kime dostlugyň gerekdigi entek belli däl. Meniň bilen oýnamak hemmeler üçin gyzykly, seniň bilen näme? Derýada-ha, möňňürdiň, sümügiňi akdyrdyň. Erni suwly! Men ony içaly oýnuny oýnamaga-da çagyryp ýörün. Bu waka birden tutuş klasyň gürrüňi boldy. Oglanlar onuň jikme-jiklikleriniň gürrüňini edip, öz aralarynda pyşyrdaşýardylar. Semýonyň gahryman ýaly, onuň bolsa, iňirdegen hem erni suwly ýaly görünýän gürrüňleriniň bölekleri Paşa baryp ýetdi. Öýkeden hem kineden ýaňa Paşa bus-busy boldy. Gynansak-da, çagalykdaky bu wakanyň uzaklara gidýän netijeleri boldy. Bir wagtlar alnan ajy tejribe her gezek öz pikirini aýtmaly bolanda, Paşany dymmaga mejbur etdi. Bir gezek Pawel eýýäm uly adam bolup, gowy wezipäni eýeläp ýörkä, firmany esaslandyryjynyň ýubileýi mynasybetli dabara çagyryldy. Paweliň işleýän bölüminiň ýolbaşçysy oňa: — Gutlag hatyny hor bolup okaýarys! Ony öwrenmekleri üçin men teksti hemme kişä paýladym — diýdi. Pawel kagyzy alyp, oňa ýazylan zady okady. Tekst onda gynanç döretdi, Pawel ony, onda-da kärdeşleriniň horunyň içinde, okap bilmejekdigine düşündi. Hormat goýýan we gadyryny bilýän ýubilýaryna köp-köp pul, aňsat aladasyz durmuşy we tükeniksiz şatlygy arzuw edip bilmeýär. Pawel ýerinden turdy-da: — Meniň bu teksti okasym gelmeýär. Ullakan erkek kişiniň däl-de, akmagyň arzuwyny aýtmak islemeýärin — diýdi. Başlyk öz işgärine, edil birinji gezek görýän ýaly, seretdi. — Kim biziň bilen däl bolsa, şol firmada däl. Samsyk bolma-da, şuny öwren — diýmek bilen ol gürrüňiň gutarandygyny düşündirdi. Ýubileý güni bölümiň işgärleri hor bolup ýolbaşçyny gutlamak üçin ýat tutan tekstini aýtmaga hatara durdular. Diňe Pawel firmanyň ýolbaşçysyna öz arzuwlaryny ýazan otkrytkasyny tutup, gyrada durdy. Eger bu erteki bolan bolsa, onda onuň soňy şeýle bolardy: Paweliň adaty bolmadyk hereketi başlyga ýarady, ol onuň bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildi, gymmatly işgäriniň işewürlik häsiýetlerini gowuja bileninden soň bolsa, onuň wezipesini beýgeltdi. Ýöne bu erteki däl-de, durmuş. Pawel işini ýitirdi. Onuň deregine has gymmat zady tapdy. Ol kalbynda oglanjyk Paşa bolmagyny bes edip, indi öz pikirini açyk aýtmakdan, töweregindäkiler goldamaýan we ýazgarýan ýagdaýynda hem öz pikirini goramakdan gorkmaýan Pawel boldy. Saýawan Jentlmen iş bilen başga bir şähere gitdi. Uçardan düşen badyna, ol ýagşyň aşagynda galýar. — Saýawanymy ýatdan çykarypdyryn! — diýýär-de, jentlmen göni dükana barýar. Saýawanlaryň biri özüniň satyn alynmagyny şeýle bir isledi welin, hatda alyjyny gören badyna ýere gaçdy. Jentlmen saýawany ýerden galdyrdy, ony gowuja synlady. — Owadan eken — diýip, ol ony satyn aldy. Daşarda saýawany açan badyna, jentlmen ýeňillik bilen dem aldy, sebäbi özüni oňaýly duýupdy. Saýawan hem, özüni satyn alandyklaryna, ahyrsoňy adama hyzmat edip bilýändigine begendi-de, simleriniň hemmesini dartgynlaşdyryp, olary ýokary gönükdirdi, ýeliň ugruna bolondan bolan matasyny pasyrdatdy. — O, men nähili bagtly! Nähili bagtly! Şemal, men senden gorkamok, ýagyş, sen maňa gorkunç däl! Men ezilmeýän mata! Men hiç zatdan gorkmaýaryn, men adamlara diýseň gerek! Ura! Ura! Salam, oglanlar, siz näme beýle gamgyn? Onuň deňinden geçip barýan saýawanlar öl eginlerini ümsüm goýberipdiler, güýçli ýagyşdan ýaňa begenç olaryň ýatlaryna-da düşenokdy. Güýçli ýeliň zarbyna saklanyp baryşlaryna, olar diňe abatja hem zyýan görmän öýe barmak hakda pikir edýärdiler. Jentlmeniň saýawany näme sebäpden özüne üns bermeýändiklerine düşünmän, has gaty gygyryp başlady: — Eý, siz, sustupesligi bes ediň, geliň, bile şatlanalyň! Biz adamlara hyzmat edýäris! Simleriňizi ýokarrak tutuň! Saýawan şeýle bir gaty gygyrdy welin, hatda indiki ýeliň özüni tersine çöwreninem, simleriniň köpüsiniň döwleninem, bolon matasynyň asylyp galanynam duýmady. Şobada myžžyk bolan jentlmen peýdasyz saýawany ýygnap, gaharly dükana gaýdyp bardy. Bir zat gowy bolupdy, ol dükandan uzaga gitmändi. — Siz puluňyzy yzyna almak ýa-da saýawany çalyşmak isleýärsiňizmi? — diýip, aljyran satyjy sorady. — Başga dükandan satyn aljak — diýip, jentlmen sowuklyk bilen jogap berdi. Gapy gaharly alyjynyň yzyndan ýapylanyndan soň, satyjy saýawana göz aýlap, bejeriji gulluga jaň edip, zaýa zady bejerip bolýanmydygyny bilmek isledi. — Görmek gerek, siziň ýanyňyza iki sagatdan soň bararyn — diýip, ussa jogap berdi. Bu wagtyň dowamynda saýawan tekjäniň üstünde begenip ýatdy we: — Beýleki saýawanlary bir gezek satyn alýarlar, meni bolsa bejerýärler soň ýene satyn alýarlar — diýip pikir etdi. — Meni şeýdip, adamlara hyzmat etmegim üçin elden-ele berýärler. Ine, muňa durmuş diýäýseň! — Gatylygyny ýitiripdir, zawoddaky berkitme onçakly berk däl. Ony berk etjek bolaýyn. Şeýle diýeninden soň, ol çemodanyny açyp, işe başlady. Saýawan garşylyk görkezdi, özüne adalatsyz daralýandygy hakda bir zat diýip gygyrdy. Ine, ýygnalan we täzeden berkidilen saýawan gaýgydan dolup we gözýaşdan myžžyk bolup, ol ýene satuwa goýuldy. Bejeriş oňa birhili täsir etdi: saýawan dymma boldy, öňe çykyp durmady we özüniň satyn alynmagyny arzuw etmedi. Ýöne ony satyn aldylar. Ýagyş ýagan wagtynda, ony açdylar, onuň simleri ýeliň zarbyna gyşarmady, ýokary hekgerip durmady-da, gönüje durdy, bolon örtügi-de suw geçirmedi. Ýagyş onuň üstünden syrygyp akdy, adam hem özüni ynamly goragly duýdy. Saýawan bagtlydy we rahatdy, ýöne muny hiç kime aýtmak islemedi. Onuň simleri ygtybarlydy we gatydy, başga tarapa gyşarmady, çöwre ýüzüne öwrülmedi. Hawa, saýawan muny asla islemeýärdi. Leglek Kuwwatly ganatlary ullakan guşy ýeriň üstünden ýokarda saklaýardy. Howa akymy boýnundan, arkasyndan öwsüp, ýelekleriň içinde aýlanýardy. Leglek başagaýlyga güýjüni ýitirmedi, ol ýeliň akymyndaky iň ownuk üýtgeşmäni duýup, gelşikli we emaý bilen şol ýagdaýa geçdi. Ine, şeýle boldy, köp guşlar leglege mydama buýsanç bilen seredýärdiler. Ondaky zatlaryň hemmesi ajaýypdy, ýöne leglek töweregindäkileriň iň uly hormatyna ýylanyň üstüne batyrlyk bilen hüjüm edýändigi sebäpli mynasyp boldy. Uzynganatlar çybynlara ussatlyk bilen hötde gelýärler, garasarlar bolsa, tomzaklara, hatda eşegarylara-da hötde gelýärler, ýöne olaryň hijisi ýylanlardan, ýagny höwürtgelerini talap, etenelerini ýok edýän ýylanlardan, gorkmaýandyklaryny aýdyp bilmeýär. Entek bahar gutarnykly gelmändi, ýöne barybir gyşyň sowugyny kem-kemden gysyp çykaryp barýardy. Günüň şöhleleri gar topbagynyň üstüne düşüp, topraga çenli baryp ýetýärdi we gary erän ýerleri emele getirýärdi. Derýadaky buz gowşady, derelerden çeşmeler akdy, şahalarda we agaçlarda pyntyklar peýda boldy. Ýazyň howasy täzeden janlanan durmuşyň atyr ysyndan doldy. Leglek täze höwürtge gurunmaga ýer gözledi. Onuň öz jorasy bilen on ýyl ýaşan ýerindäki agaç jaýlary bolsa, adamlar ýykypdyrlar-da, beýik jaýlaryň gurluşygyna başlapdyrlar. Leglek adamlaryň ýok ýerine uçup gitdi. Ine, ol tokaýyň gyrasynda taşlanylyp gidilen gözegçilik wyşkany gördi. Birwagtlar bu ýerde harby bölüm bolupdy. Leglek wyşkanyň üçegine düşdi-de, höwürtge üçin düýbüň ýeterlik derejede berk boljagyna göz ýetirmek üçin bir ýeri depeläp gördi. Mundan soň ol başyny galdyryp, boýnuny uzatdy we öz jorasyna signal berip, çüňküni şarkyldatmaga başlady. Şeýle etmek bilen ol geljekki maşgala höwürtgesi üçin erbet ýer tapmandygyny oňa habar berdi. Höwürtge üçin gowy ýer tapmak — aňsat zat däl. Leglekler köp wagtlap adamlaryň ýanlarynda ýaşadylar. Munuň ýaly goňşuçylyk adamlary-da, leglekleri-de begendirdi. Ýöne hemme zat üýtgedi, gitdigiçe adamlar leglekler bilen goňşuçylyga az höwes edip başladylar-da, töwereklerindäki giňişlikleri gurluşyklardan doldurdylar, ol ýerlerde leglekler ýaşap bilmeýärdiler. Ýöne leglekler adamlaryň ýanlarynda gitdigiçe ýer tapmak kynlaşan bolsa-da, barybir adamlary gowy görmegi dowam etdirdiler. Höwürtge gurmagam aňsat iş däl. Gowuja düýpden başga-da, çeýe çybyklaram gerek bolýar. Leglek wyşkadan aşak indi-de, ýene tokaýyň ýokarsyna galdy. Ýokardan tokaýyň gyrasynda ýerleşýän kiçijik obanyň açyk reňkli üçekleri oňa gowy görünýärdi. Onuň tejribeli ýiti gözi bolsa, öýleriň biriniň ýanyndaky ýylan hinini gördi. Guş aşagrak indi-de, obanyň üstünde aýlanyp başlady. Öýleriň ýanlaryndaky adamlar leglegi görüp, oňa mähir bilen ellerini buladylar, ýöne ol muňa ünsüni bölerden juda aladalydy. Ýarymy ýykylan ýaşalmaýan, ýöne berk kerpiç turbaly öý onuň ünsüni özüne çekdi. Leglek onuň üstüne gondy, töweregine ünsli göz aýlady we pikirlendi. Taşlanylan gözegçilik wyşkasy has gowy, adamlardan daşrakda bolsa-da, bu ýer höwürtge üçin diýseň amatlydy. Birazajyk wagt geçdi, soň leglek jorasyna howlukmalydygyny düşündirip, çüňküni şarkyldatdy. Ol gutarnykly netijä geldi. — Seret, kim geldi — diýýän garry ýylanyň öten ýyldan galan otuň içindäki pyşşyldysy eşidildi. — Nähili tekepbirlik! — Hawa, başynam egenok. Tekepbirlik — iň agyr günädir — diýip, ýylan çagasy jogap berdi. Leglek kerpiç turbadan aşak indi-de, ýere düşdi. — Biz pes göwünli mahluklar, hemmeleriň aýaklarynyň aşagynda süýrenýäris, hiç kime päsgel bermeýäris… — diýip, gürrüňe başlamakçy bolan ýylan sözüni soňlamaga ýetişmedi. Leglek ony tutdy-da, kellesiniň ýokarsyna oklap, güýçli çüňküni açyp, ony derrew ýuwdup goýberdi. Leglek bu ýuwaş süýrenýän mahluklaryň häsiýetini gaty gowy bilýärdi. Olar näme diýip pyşşyldasalar-da, olara ynanmak bolmaýardy. Bu wakalardan soň, kerpiç turbanyň üstünde örülen töwerek ösüp başlady. Leglek çybyk yzyna çybyk, şaha yzyna şaha goýup, höwürtgesini gurdy. Onuň işi tamamlanmaga golaýlaşanda, gurlan höwürtgäniň gyrasyna leglegiň höwürtge guran wagtynyň dowamynda dynman çüňküni şarkyldadyp çagyran jorasy gelip gondy. Birnäçe gün geçdi, taýýar höwürtgede iki ýumurtga peýda boldy, mundan soň urkaçy leglek ýaşaýan ýerini terk etmedi, leglek bolsa, oňa iýmit tapmak üçin ýadaman zähmet çekdi. — Biziň ýylanlyk patyşalygymyzyň soňy geldi — diýip, jaýyň gyrasynda örülip goýlan kerpijiň aşagynda garry ýylan pyşşyldady. — Sen bu obada bize gorkara zadyň ýokdugyny, iň gurak tomusda-da bu ýerde, guýynyň ýanynda ýaşajakdygymyzy aýdypdyň-a — diýip, onuň jorasy pyşşyldady. — Aýdypdym. Eger bu uzyn çüňkli, hiç haçan deňesinden geçirmeýän leglek bolmadyk bolsa, häzirem aýdardym… Bu biziň taýpamyz üçin ölüm ahyry! — Indi ýekeje sözem aýtma! Bu ýerde akyldarlyk bilen hereket etmek gerek. Biz ýylanlaryň şöhratlanan akyldarlygymyz bilen. — Belki, ýaşamaga batgalyga gideris — diýip, ýaş ýylan teklip etdi. — Ýok-la! Men ýöne bir ýan berip gitmek üçin mekirlik etmedim, bu kerpiçleri duşmandan basyp almadym! Biziň näçe ýeňiş gazananymyz hakda özüňiz pikir edip görüň. Goňşy jaýdaky öýüň eýesi bize her gün irden süýt getirýär. Biziň bilen sylaşykly gürleşýär, özüne çekýär. Oňa näme diýseň, biziň üçin hemme zadam edýär. Siz haýsy batgalykda munuň ýaly hezilligi taparsyňyz? Ýylanlaryň jemgyýeti goldaýjy äheňde pyşşyldady. Ýaş ýylan bolsa, gülüp durşuna titredi: — Men tabaga süýt guýýan şol akmak aýaly çakmazlykdan zordan saklanýaryn. Adamlary çyndan ýigrenýärin… — Sen bu gürrüňden soň nähili ýylanmyşyň? Men saňa näme öwretdim? Dişiňi gizlemeli, süýnüp ynama girmeli — diýip, garry ýylan gaharlandy. — Maňa muny etmek kyn bolýar. — Kynam bolsa edersiň, aýratynam, leglekler peýda bolanlaryndan soň. Ýigrenji guşlar! — Siz halanyňyzy ediň, men welin, hiç kimiň öňünde ýaranjaňlyk etjek däl — diýip, ýaş ýylan kejirlik edip, öz diýenini tutdy. Ony sözüni tamamlamaga goýmadylar. Garry ýylan kejiri aýgytlylyk bilen göni ýanlaryndan uçup geçip barýan leglegiň agzyna iler ýaly edip, hinden itip çykardy. Ýaş ýylanyň kellesi açylan bokurdaga girip gidende-de, garry ýylanyň pikiri bilen ylalaşmazlygy aňladýan pyşşyldy eşidildi. — Gürrüňi asuda ýagdaýda dowam etdireliň. Mende plan bar — diýip, garry ýylan aýtdy. Başga garşy çykan ýok ýalydy. — Biz gizlenýän ýerimizden çykyp, göni adamlaryň aýaklarynyň aşagyna bararys. Adamlar leglekler sebäpli şeýle edýändiris öýderler, sebäbi olar bize gün berenoklar. Şeýdip, her hili gürrüňler çykar, bize geregi-de şu-da. Şol başagaýlykda we jedellerde biz siziň bilen aman galarys. Bu wagt leglegiň höwürtgesinde hemme zat nobaty boýunça gidip durdy. Iki sany etene peýda boldy. Olar gözlerini açyp ýetişmänkäler, derrew iýere zat soradylar. Leglek ene-ata çagalaryny nädip dok saklamalydygynyň aladasyny etdiler. Şeýle-de bolsa, olaryň başga-da aladalary bardy: leglekler öz çagalaryna geljekde ýaşajak ajaýyp dünýäsi, suwluja otlar, atyr ysly güller, ýigrenji ýylanlaryň haýbat atýan kiçijik guşjagazlary hakda gürrüň berýärdiler. Şol ýylanlary gyrmaklyk hut leglekleriň paýyna düşýärdi, sebäbi eger muny olar etmese, onda kim etmeli? Leglekler çagalaryny köp günläp iýmitlendirdiler, olar ulalanlarynda bolsa, uçmagy we iýmit tapmagy öwrendiler. Bir gezek irden leglek höwürtgesinden ýeke özi däl-de, özüniň ulalan çagalary bilen uçup gitdi. Olar obanyň aňyrsyndaky meýdança uçup gitdiler-de, gün batýança ýylan tutup iýdiler. Güneşli ajaýyp günleriň birinde, ýylan awlamanyň şowly bolan gününde, leglekler birden obadan gelýän sesleri eşitdiler. — Ýylan! Ýylan! Leglekler öýüne uçup gelenlerinde, adamlaryň biynjalyk bolýandyklarynyň şaýady boldular. Sesler eşidildi: — Bu nähili hüjüm etme! Ýylanlar entek özlerini beýle gödek alyp baranokdylar. — Bu leglekler sebäpli. Olar ýylanlaryň hinlerini dörjeleýärler, ýylanlaryň gaçara ýeri bolmansoň, ine, şeýdip gelýärler — diýip, bir garry aýal gygyrdy. — Hakykat hakykat bolýar — diýip, alty çaganyň ejesi ony goldady. — Ýylanlar adama hiç haçan ilki topulmaýarlar. Men bilýärin. Men her gün irden olaryň tabagyna süýt guýýaryn. Ýylanlar bilen dostlaşsaň bolýar. Gowy adam hemmeler bilen dil tapyşyp bilýär. — Bu ýerde leglekleriň dahyly ýok, olar bize kömek etmek isleýärler — diýip, on iki ýaşlaryndaky gyzjagaz aýtdy. Obanyň adamlary gaty erbet jedelleşdiler-de, uzak wagtlap öýli-öýüne gitmediler. Garaňky düşdi. Oba kem-kemden uka gitdi. Asudalygyň içinde birden gapy jygyldady. Çalaja ýagty göründi, garrynyň iňirdewük sesi eşidildi: — Jedelleşer ýaly zat tapdylar — ow! Leglegiň bu höwürtgesini ýok etmeli — wessalam! Goý, başga ýurtlarda özlerine höwürtge tutunsynlar… Tiz wagtdan taşlanylan köne jaýyň içi ýagtyldy. Kerpiç turba güwläp başlady, ondan tüsse çykdy-da, ýokary uçgunlar atyldy, şol wagt hem, ullakan leglek höwürtgesiniň çybyklary tutaşdy. Dört sany biynjalyk bolan leglek höwürtgeden ýokary galdylar-da, öýüň üstünde aýlandylar. Olar ýanan höwürtgeleri ýere gaçýança, aýlandylar, aýlandylar. Soň leglekler ýokary galyp uçup gitdiler. — Biz nirä barýarys? — diýip, halys tapdan düşen leglek çagalarynyň biri sorady. — Adamlardan uzaga. Mümkin boldugyça adamlardan uzaga — diýip, ata leglek aýtdy. Aşakda batgalyk ýaýylyp ýatyrdy, onuň gyrasynda depesini ýyldyrym uran gury agaç bardy. Leglekler ýalaňaç şahalaryň üstüne gondular. — Ine-de täze höwürtge üçin ýer — diýip, ene leglek aýtdy. — Höwürtge gurnup başlarys — diýip, ata leglek uludan demini aldy. Batgalykdan azajyk aňyrrakda oba bardy. Bir gezek leglek öz uçuşynyň beýikliginden oba tarap süýnüp barýan ýylany gördi. Ilki ol bu obada-da ýylanlar nesliniň dörejekdigini bilmek hem islemeýän ýaly, gözüni ondan sowdy. Emma uludan demini alyp, şobada: — Eger biz etmesek, kim eder? — diýdi. Bir gün obanyň ýaşaýjylary ullakan guşlaryň özleriniň öýleriniň üçekleriniň üstünde aýlanyp ýörenlerini gördüler. Elektrık togy Bir köneje obada, köneje agaç öýjagazda agşam garry aýal jorap ýamap otyrdy. Köneje şemdana berkidilen şem ýanyp durdy. Kimdir biri gapyny kakdy. Hojaýyn aýal işini goýdy-da, gapyny açmaga bardy. Ol gulpy aýranda, gapyda eli gaply bir ýigidi gördi. — Näme gerek? — diýip, aýal gödek sorady. Ýigit mylakatlylyk bilen salam berdi-de: — Maňa däl-de, size gerek — diýip jogap berdi. — Maňa näme gerek? — diýip, hojaýyn aýal ýaňsyly sorady. — Çyra. — Meniň çyram bar. Anha nähili ýagtyly. Ýigit gaby seresaplyk bilen açdy-da, ondan çyra çykardy: — Bu ýerde şonuň ýaly ýüz sanysy bar. — Nirede? — Şu çyrada. Aýal sesini çykarman, ýigide çiňerilip seretdi welin, ýigit aljyrady-da, indi çekinip sözüni dowam etdirdi: — Ýöne bu onçakly şemem däl… Aýal sesini çykarman myhmandan gözüni aýyrman seretdi durdy. Ýigit aljyrady-da sakynybrak: — Umuman, men sizde çyra bolmagyny isleýärin. Bu çyra — diýdi. Ahyrsoňy öýüň eýesi agzyny açdy: — Sen muny eýýäm aýtdyň. Ýigit başyny sallap dogumsyzlyk bilen: — Bu çyra biziň ýüz şemimiz ýaly ýagtylyk berýär — diýdi. — Sen meni kim hasaplaýarsyň? Ýören bir samsykdyr öýdýärmiň? Men seniň bu ýüz şemiňi nädip ýakaýyn, olaryň ýekeje peltesem-ä ýok, bu ýerde nämäni otluçöp bilen ýakjak? — diýip, hojaýyn aýal açyk garşy çykdy. Ýigit düşündirmäge başlady: — Otluçöp gerek däl, elektrik toguny geçirmeli. Simleri çekişdirmeli, şonda ýagty bolýar. Eger siz maňa ynanyp, öýüňize salsaňyz, onda men hemme zady ederin, simem çekerin, ýakyp öçürijinem guraryn… Hojaýyn aýal daşky basgançaga çykyp: — Häzir men garawuly çagyraryn, sen şoňa öz elektrik toguň hakda gürrüň berersiň — diýdi. Şondan soň aýal aýratyn ýagdaýlar üçin basgançagyň ýanynda duran sajy, oklawy garbap alyp, gaty kakyp başlady. Howsala signalyna garawul ylgap geldi: — Marýa Iwanowna, saňa näme boldy? — Ine, bir kezzap meni haýsydyr bir elektrik toguny geçirmäge yrjak bolýar — diýip, hojaýyn aýal düşündirip başlady. Garawul uludan demini aldy: — Häzir şonuň ýaly kezzaplar köpelipdir. Gurnalan jenaýat toparlary. Iň esasy zat hem, hemmesi şol bir zady aýdýarlar, elektrik togy barada-da şeýle. Olardan şol elektrik toguny görkezmegi haýyş etseň, bolgusyz zatlary aýdýarlar, ony görmek mümkin dälmişin, diňe duýmak, bu hadysany ýekeje netijesi boýunça baha bermek mümkinmişin. Men bolsa, bilýärsiňmi, näme pikir edýärin? Ine şem. Ol ýanýar, hemmeler ony görýärler, hiç zat oýlap tapmagam gerek däl. Sen şemi görýärsiňmi? — diýip, garawul ýigide ýüzlendi. — Görýärin — diýip, ol uludan demini aldy. — Indi maňa öz elektrik toguňy görkez. — Sim geçirmeli, çyrany dakmaly. Men nädip etmelidigini bilýärin — diýip, ýigit howlukdy. — Sen ýene öz diýeniňi tutýarsyň — diýip, garawul gaharlandy. — Dur bakaly, men bolsa, seni zyýanly wagyz etmeden nädip sowmalydygyny bilýärin. Şol wagt bir ýerden Marýa Iwanownanyň goňşusy eline bir ýumak sim alyp ylgap howla girdi. — Ähä, görýärin welin, bu kezzap bärigem gelipdir! — diýip, ol gaharly gygyrdy. — Meniň öýümiň hemme ýerini bulaşdyrdy, ýöne çyra-ha ýananok. — Näme üçin beýle etdirdiň? Näme üçin adamyň bilen maslahatlaşmadyň? — diýip, garawul gaharly sorady. — Bu maslahatlaşmagyň gerek däldigini, diňe özümiň ynanmagymyň gerekdigini aýtdy. Ine, şeýdip, menem ynandym… Ýigit aljyrady: — Duruň, men podstansiýany goşanymyzda çyranyň ýanjakdygyny aýtdym. Munuň üçin ilki bilen isleg bildirýänleriň hemmesine tok simini geçirmeli, şonuň üçin hem men öýme-öý girip düşündirýärin, soň hemmesini toga goşýaryn, şonda sizde ýagtyly, hakyky çyra bolar. — Hemmesi düşnükli — diýip, garawul netijä geldi, — üç gije-gündiz tussag etmeli. Oturarsyň, gowuja pikirlenersiň, şonda gürrüňimize gaýdyp geleris. Üç gije-gündiz geçeninden soň, nobatçy bölüme Marýa Iwanowna, onuň goňşusy we garypja obanyň beýleki ýaşaýjylary geldi. Olara kezzabyň zyýanly elektrik toguny wagyz etmekden el çekýänini aýdypdylar. Garawul kamerany açdy, ondan ap-ak bolan tussag çykdy. — Ýeri, hiç hili elektrik togunyň ýokdugyny boýun alýarsyňmy? — diýip, garawul haýbatly sorady. Ýigit örän gussaly jogap berdi: — Boýun alýaryn. Sizde elektrik togy ýok we aňyňyz üýtgeýänçe hiç wagt bolmazam. Garawul kanagatlanma bilen elini çarpdy-da: — Ine, munyň gowy boldy, toslap tapmalaryňy ýatdan çykar, men seni gaýdyp bu ýerde görmäýin. Ugra! — diýdi. Ýigit bir ýumak simini we bir guty çyrasyny alyp gitdi. Garawul onuň yzyndan seredip: — Gaharyňy getirýän zat hem, onuň bu zatlaryň hemmesine ynanýandygydyr! — diýdi. — Şeýle ynanýanlar nähili köp! — diýip, ýygnananlar ýigrenç bilen aýtdylar. Artykmaç soraglar Dynç güni ir ertir bilen kakasy ogluna: — Seniň bu gün maňa güýçli bolmagyň gerek, şonuň üçin gowuja ertirlik edin — diýdi. — Bu nämä gerek? — diýip, ogly sorady. — Aýtjak däl. — Beýle bolsa, munuň saňa näme üçin gerekdigini bilýänçäm, iýmeýärin. Kakasy aşa gaharlanyp: — Men saňa garaşylmadyk sowgat etmek, täze attraksion seýilgähe alyp gitmek isledim. Ol ýerde örän gülkünç lybaslarda göreş boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu seni haýran galdyrar diýip pikir etdim, ýöne seniň iňirdiň sebäpli meniň planym weýran boldy. Gynanýaryn. Ogly: — Ýöne biz barybir gidýärismi? — diýip sorady. Kakasy: — Elbetde, ýöne eýýäm meniň keýpim öňküsi ýaly däl. Ýolboýy ogly sorag bermekden ýadamady: — Kaka, kaka, suwda çokundyrylmak nämä gerek? Kaka, näme üçin Mukaddes Kitapda gülkünçligiň biziň üçin gelşikli däldigi aýdylýar? Kaka, näme üçin «samsyk» diýen sözi aýtmaly däl? Kakasy oglunyň soragyna sorag bilen jogap berdi: — Sen, dogrudanam, bu zatlaryň hemmesini bilmek isleýärsiňmi? — Elbetde, ýogsam, men bu düzgünleriň hemmesini ýerine ýetirip bilmerin — diýip, ogly tassyklady. Indiki ýekşenbe güni kakasy ogluna: — Hany bezen — diýdi. Ogly: — Näme üçin? — diýdi. Kakasy: — Bu garaşylmadyk sowgat — diýdi. Ogly: — Beýle bolsa, munuň nämä gerekdigine düşünmesem, owadan geýinjek däl — diýdi. Kakasy gynandy-da: — Men seni öz kompaniýamyň reklamasynyň düşürilişine alyp gidýärin — diýip düşündirdi. — Meýilnama boýunça sen kadra garaşylmadyk ýagdaýda düşmelidiň, ýöne indi garaşylmadyk ýagdaý pursady bolmaýar, indi reklama-da aktýorlaryň adaty oýny bolýar. Ýene bir hepde geçeninden soň, kakasy ertir bilen bir ýere gitdi, gaýdyp gelende bolsa, elinde ullakan oýnawaç ýük maşyny bardy. Pult bilen oýnalýar. Kakasy maşyny pola goýdy-da: — Men bu maşyny saňa birwagtlar satyn alyp bermek isleýärdim, ine, ahyrsoňy nobatdaky sargytdan soň, ony alyp bildim. Al, oýnaber. Ogly, elbetde, kakasynyň sowgadyna gözlerini uçganakladyp seretdi we ajaýyp maşyna elini degrip başlanda, diýseň begendi. Ol ýük maşynyny synlanynda: — Sen näme üçin maňa şunuň ýaly maşyny satyn alyp bilmediň? — diýip sorady. — Men bu barada saňa gürrüň bermek islemeýärin. — Kaka, aýtsana… — diýip, ogly iňirdemäge başlady. Bu gezek kakasy örän gaharlandy-da: — Sen, dogrudanam, bilmek isleýärsiňmi? Beýle bolsa, diňle! Men tutuş aýlap sensor prinsipi bilen işleýän gapylaryň täze taslamasynyň üstünde işledim. Biziň gapylarymyzy dükanlara paýlaýan kompaniýa pulsuz galdy, şonuň üçin, diňe bir çykdajylary ödemek üçin däl-de, eýsem, azajyk gazanç hem etmek üçin hususy dükany bolanlar bilen özüm gürleşmeli boldum. Şol hususyýetçi bolsa, kanun babatda meselesi bar eken, şol sebäpden hem, meniň gapylarymy derňew gutarýança «tussag etdiler». Meniň bu hususyýetçä dahylymyň bardygyny ýa ýokdugyny anykladylar. Işe ahyrsoňy seredileninden soň, maňa harydy gaýtaryp berdiler, menem ony dükana ugratdym, ýöne juda köp wagtymy ýitirdim, bu bolsa — çykdajy bolýar. Ýöne gapylar alyjylara gideninden we satylanyndan soň, men girdeji aldym-da, soň saňa şu maşyny satyn alyp bildim. Oglanjyk bu gürrüňleriň hemmesini diňläninden soň, uludan demini aldy-da: — Muny bilmedik bolsam gowy bolardy. Indi onuň alnyşynyň ähli kynçylyklaryny bilenimden soň, seniň sowgadyňa begenmek maňa kyn bolýar — diýdi. Kakasy: — Oglum, meniňem saňa artykmaç maglumat bilen agram salasym gelmedi. Onuň seniň şatlygyňy ýuwutjagyny bildim. Meniň saňa alyp berýän zatlarymyň hemmesinden ýöne bir peýdalanmagy öwren. Öwrenermiň? — Hawa, men şeýle etjek bolaryn — diýip, ogly jogap berdi. — Hudaýyň bize bilimleri açanyna, şolaryň kömegi bilen ýaşaýandygymyza-da düşün. Hudaýyň aýdýan zadyny ýöne bir diňle we Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetir, artykmaç sorag berme. Korolyň nesıhaty Ajaýyp köşgüň sütünler zalynda korol Mylaýymlyk özüniň on ýedi ýaşly ogluna nesihat berdi: — Sen, oglum, öz ýurduň raýatlary we goňşy ýurtlaryň raýatlary bilen gowy gürleşme düzgünlerini özleşdirmelisiň. Sylaşyk we sypaýyçylyk — gürrüňdeşlik şol esasyň üstünde gurulmalydyr. Seniň diliňden hiç hili kemsidiji söz asla çykmasyn. — Kaka, seniň sapagyňy özleşdirmäge çalşaryn — diýip, Ynanjaňlyk atly şazada söz berdi. — Saňa jogapkärçilikli tabşyryk bermek isleýärin — diýip, korol sözüni dowam etdirdi. — Ýol şaýyňy tut, saňa uzak wagtlyk syýahat garaşýar. Şazada eginlerini dikeltdi, ýüregi şatlyk bilen urdy, kakasy oňa ahyrsoňy çynlakaý iş tabşyrýar! — Oglum, goňşy döwletiň işleri kyn. Özüň bilýärsiň, bu ýurduň patyşasy biziň garyndaşymyz Hoşamaýlyk birnäçe ýyldan bäri uruşdan gaça durmak üçin özüne mydama haýbat atýan basybalyjy goňşysy bolan Gödeklik atly hana uly salgyt töläp gelýär. Bu ýyl tölär ýaly zat ýok, korolyň gaznasy boş. Biz garyndaşymyzy betbagtçylykda galdyryp bilmeris, sen meniň öz hazynamyzdan bölüp goýan gymmat zatlarymyzdan oňa alyp gidersiň. Ýolda seresap hem ünsli bol. Hiç kim bilen tanyşma, nätanyşlardan ägä bol. Oýlanman aýdan islendik sözüň saňa gymmat düşmegi, hatda janyňy tölemeli derejesinde gymmat düşmegem mümkin. Men seni zerur zatlaryň hemmesi bilen üpjün ederin, saňa dogry kartany bererin, ýöne köp zatlar diňe saňa bagly bolar. Bellenilen günde korolyň galasynyň derwezesinden dört sany ak ata goşulan paýtun çykyp ugrady. Paýtunyň içinde şazada bardy, dor atyň üstündäki garawullary bolsa, onuň bilen bile gitdiler. Ýol, hakykatdana, ýakyn däldi, atlar uzakly gün dynç alman ýörediler-de, diňe agşam ýoluň gyrasyndaky myhmanhananyň agzynda saklandylar. Şazada kakasynyň beren kartasynda bu ýer iýip-içmek we gije ýatmak bolýan ýer hökmünde bellenilipdir. Adamlaram, atlaram ýadapdylar, şonuň üçin düşlemeklik diýseň ýakymly boldy. Myhmanhananyň eýesiniň tejribeli gözleri myhmanyň baýdygyny derrew bildi, soň ol naharyň ugruna çykyp başlady. Ara salym düşmänkä, şazada gowrulan, çorbasy akyp duran jüýje, mele-myssyk çörek, peýnir we şypa beriji narpyzly içgi äberildi. Içeri ýyly hem ýakymlydy, şazada hem gün uzynky paýtunyň yramasyndan soň bedeniniň ýakymly gowşaýanyny duýdy. Myhmanyň keýpiniň çaglygyndan peýdalanyp, myhmanhananyň eýesi sorag berip başlady: — Nirä barýarsyňyz, gadyrdan? — Goňşy döwlete, garyndaşymyňka — diýip, şazada Ynanjaňlyk jogap berdi. — Hawa, häzir köpler başdan geçirmeler we göwün açmalar gözläp, syýahat edip başlapdyrlar. — Kim göwün açma gözleýär, menmi? — diýip, şazada gaharlandy. — Mende korolyň beren çynlakaý tabşyrygy bar! Päk niýetli maksadym bar, betbagtçylyga düşen korola, hökümdara, kömege howlugyp barýaryn. — Mylaýymlyk korolyň özüniň beren tabşyrygymy? Siz Hoşamaýlyk korola kömek etmekçi bolýan-a dälsiňiz-dä? — myhmanhananyň eýesi bilesigelijiligini gizläp bilmedi. Şazada artykmaç zat gürlänine düşündi-de, nahar üçin minnetdarlyk bildirip, stoluň başyndan turdy-da, hojaýyna altyn teňňe berip, özüne taýýarlanylan otaga howlukmaç gitdi. — Siz nähili sahy — diýip, altyn teňňe görende elleri sandyran myhmanhana hojaýyny mylakatlylyk bilen jogap berdi. Şazada Ynanjaňlyk süýji uka gitdi, myhmanhananyň eýesi bolsa, atyny howlukmaç araba goşup, gyssanmaçlyk bilen garaňkylyga siňip gitdi. Ol tokaýyň içine sowlup, kimdir birine garganyň sesini edip signal berdi. Bukudan iki sany adam çykdy. Olaryň biri: — Bu senmidiň, Ýowuz? — diýdi. — Men, men, salam, talaňçyjyklar! Men size habarjyk getirdim! Ünsli diňläň, meniň wagtym az, ikinji gezek gaýtalamaýaryn. Meniň myhmanhanama kim gelendir diýip pikir edýärsiňiz? Şazada Ynanjaňlygyň özi! Onuň ýanyndaky gymmat zatlaryň hetdi-hasaby ýok. — Anyk bilýärsiňmi? — Ondan anyk bilibem bolmaz. Paýtuny, atlary, garawullary, iň esasy zat hem — gürleýşi — hemme zady korolyňky! Serediň, ol maňa näme berip hasaplaşdy. — Ýowuz jübüsinden altyn çykardy, muny görende, talaňçylaryň gözleri uçganaklady. — Munuň ýaly teňňe onda doly. Ol öz garyndaşy, garyp düşen koroljyga, Hoşamaýlyga, kömek alyp barýar. — Näme üçin özüň hüjüm etmediň, özüň almadyň? — diýip, talaňçylar ynamsyzlyk bilen soradylar. — Şazadanyň garawullary gaty güýçli, gowusy iş salyşmaly däl, ýöne özi welin akmak. Şu ýerde siz maňa kömek edersiňiz. Ýoluň çatrygyndaky görkeziji ýadyňyzdamy? Şazada Ynanjaňlyk garyndaşynyň ýanyna däl-de, biziň dostumyzyň, knýaz Gödekligiň ýanyna gider ýaly, görkezijini öwürmeli. Ynanjaňlyk hilegärlige düşünmez. Men siziň öňüňizde bergidar bolmaryn-da, gymmatlyklar eline düşende bermegi wada beren paýyndan size-de paý çykararyn. Onda näme, elleşýärismi? Ertiriň güneşi şazadany oýardy, ol derrew ýerinden turdy-da, ertirligini edindi, soň hyzmatkärlerine we garawullaryna ýola taýýarlanmagy buýruk berdi-de, myhmanhanadan gitdi. Ýolda duman boldy, şonuň üçin garawullar bilen paýtun haýaljak ýöredi. Duman kem-kemden aýryldy, şol sebäpden hem tizligi ýokarlandyrmak mümkin boldy. Günorta wagtyna ýolagçylar iki ýoluň çatrygyna baryp ýetdiler. Şazada bellenilen ýere garaňky düşmänkä ýetjek bolup howlukdy, şonuň üçin hem kakasynyň beren kartasyna seretmän, ýoldaky görkezijä ynanyp, şol boýunça hem Hoşamaýlygyň patyşalygyny görkezýän ýola rowana boldy. Atlar agşam düşýänçä çapyp gitdiler. Atlaryň üstündäkiler öňlerinde içgysgynç galany görenlerinde, diýseň haýran galdylar. — Geň galaýmaly, biziň ýolumyzda beýle gala bolmaly däldi — diýip, şazada aýtdy. Ýolagçylar ýapyk duran derwezäniň öňüne bardylar, soň hyzmatkär derwezäni kakdy. Gözegçilik äpişgesi çalaja açyldy-da, kimdir biri: — Kim bolarsyňyz? Nirä we näme üçin barýarsyňyz? — diýip sorady. Şazada kakasynyň nesihatyny ýada salyp, paýtundan düşdi-de: — Salam, bu şäheriň hormatly ýaşaýjylary! Men şazada Ynanjaňlyk, Hoşamaýlygyň patyşalygyna barýaryn, ýöne meniň pikirimçe biz azaşaýdyk öýdýärin. Men gynanýaryn, ýöne meniň kartamda siziň galaňyz bellenilmändir — diýip, mylakatly jogap berdi. Derweze giňden açyldy-da, ýolagçylaryň ýoluny garawullar tutdular we gelenleriň göni gözlerine seredip wakyrdaşyp gülüşdiler. — Gelşiksiz soragym üçin bagyşlaň welin, ýöne näme size gülkünç bolup göründi? — diýip, şazada sorady. — Seniň gürleýiş äheňiň, kakasynyň oguljygy. Maňa samsyk diýseň, şähere girip bilersiň — diýip, garawullaryň biri aýtdy. Şazada mylakatlylyk bilen: — Gürrüňiň näme barada barýanyna ikimizem düşünýärismi? Maňa siziň şäheriňiz gerek däl. Men ýoldan azaşdym, şonuň üçin nirededigime düşünmek isleýärin — diýdi. — Örän mylakatlymy? Beýle bolsa, başga dünýä hoş geldiň, öz arabaňda tigirlenip gir — diýip, garawullar atlaryň jylawlaryndan tutup, paýtuny hem atlylary derwezeden içeri saldylar. — Gaýrat ediň-de, meni öz hökümdaryňyzyň ýanyna alyp baryň — diýip, şazada aýtdy. Garawullaryň ýolbaşçysy ýola tüýkürip goýberdi-de: — Şuny haýyş etmeseň gowy bolardy, akmak — diýdi. — Eý, dost, edepliräk bol, — diýip, şazadanyň garawullarynyň ýolbaşçysy öňe süýşdi, onuň tabynlygyndakylaram halka görnüşinde şazadanyň daşyna aýlanyp durdular we gylyçlaryny çykardylar. Ýöne olar şondan soň ýekeje ädimem ädip bilmediler. Ol ýurduň garawullarynyň ýolbaşçysy eli bilen yşarat etdi welin, şazadanyň we onuň garawullarynyň üstüne niredendir bir ýerden demir tor düşdi-de, adamlary ýere ýelmeşdirdi. Paýtunly atlary ol ýurduň garawullary tordan boşadyp alyp gitdiler. — Bu nähili täsin şäher? — diýip, şazada tolgunyp sorady. — Biz duzaga düşäýdik öýdýärin. Kimdir biri bizi ýoldan azaşdyrmak üçin gaýrat edipdir, şonuň üçin indi biz Gödeklik knýazyňkyda myhmançylykda — diýip, şazadanyň garawullarynyň ýolbaşçysy aýtdy. — Näme etmeli? — diýip, şazada biynjalyk boldy. — Garaşmaly — diýip, garawullaryň ýolbaşçysy aýtdy. Ol ýurduň garawuly ýesirlere seredip, gaty ses bilen uludan güldi: — Ýeri, näme, akmaklar, ele düşdüňizmi? Şu ýerde oturyp sowaşyň, ýogsam, görýärin welin, siz aşa göçgünli hem edepli. Gije düşdi, sowuk ýolagçylaryň içinden geçip başlady. Şazada özüniň abraýly hem beýik derejesini ýatdan çykaryp, garawullarynyň ýolbaşçysy bilen bile bir örtüge dolandy, beýlekilerem, ýylyrak bolar ýaly, bir üýşmek boldular. Şeýdibem, daňyň ataryna garaşdylar. Ertir bilen ol ýurduň garawullarynyň ýolbaşçysy geldi-de, eli bilen yşarat etdi welin, tor ýokary galdy. Tapdan düşen ýolagçylara garawullar hüjüm etdiler-de, şazadanyň garawullaryndan we şazadadan ýaraglary aldylar, gymmatbahaly zatlar salnan sandyklary alyp gitdiler. — Gadyrdan, men näme-de bolsa, siziň patyşaňyz bilen gürleşip bilerinmi? — diýip, şazada olaryň garawullarynyň ýolbaşçysy bilen ýene gürleşmäge synanyşdy. Ýöne munuň ýaly ýüzlenme garawulyň şeýle bir gaharyny getirdi welin, ol şobada gylyjyna ýapyşdy. — Sen meniň öz akmak kelläňi almagymy isläňokmy? — diýip, ol gylyjyny aýlap gygyrdy. — Siziň alyhezretleriňiz, — diýip, öz garawullarynyň ýolbaşçysy şazadanyň gulagyna pyşyrdady, — size maslahat bermäge het edýänim üçin bagyşlaň welin, ýöne meniň pikirimçe häzir dymmaklyk paýhaslyrakmyka diýýärin. — Hemmäňiz ýok boluň! — diýip, ol ýurduň baş garawuly şazadanyň daşyny alyp duran garawullaryny depip kowup başlady. — Men näme bolanyny bilýärin öýdýän — diýip, şazadanyň garawullarynyň ýolbaşçysy aýtdy, — biz pitneçileriň şäherinde. Siziň ataňyz, biziň patyşamyz Mylakatlylyk, bu ýere erbet adamlary ugradýar. Umuman, döwlete garşy mydama gozgalaň turuzýanlary, hemmeler bilen sögüşýänleri, hemmeleri kemsidýänleri, gödek gürleşýänleri ugradýar. Bu ýer olaryň territoriýasy, şonuň üçin eger hapa sözleri aýtsaňyz ýa-da erbet degişseňiz, onda olar siziň öňüňizde gapylaryny açýarlar. Olaryň patyşasyny abraýlylyga çagyrmagyň peýdasy ýok, elbetde, knýaz Gödeklik bolýan zatlara gözegçilik edýär, bu gödeklerem şonuň buýrugy boýunça hereket edýärler. — Kakam maňa mydama, islendik ýagdaýda edepli hem mylakatly bolmagy öwretdi. — Beýle bolsa, bu ýerde aman galyp bilmersiňiz. — Bu ýerden nädip çykyp bolarka? Juda ajygýaryn, ondan beterem suwsaýaryn. — Ilki meniň mamladygymy ýa däldigimi barlalyň — diýip, şazadanyň garawullarynyň başlygy aýtdy, soň hem gaty ses bilen: — Bu şäherde öz öýüne başga samsyklary saljak ýekeje samsyk barmy? — diýip gygyrdy. Şobada birnäçe öýüň gapysy giňden açylyp, gödek sesler yzyny üzmän çagyryp başlady: — Hany, samsyk, meniň öýüme gir! Şazadanyň garawuly bir gapynyň öňüne bardy welin, kimdir biri onuň ýakasyndan tutup, içeri çekdi. Onuň yzy bilen şazada-da girjek boldy, ýöne ondan: — Sen näme diýersiň? — diýip sorady. — Salam, gadyrly adamlar. Ol ýerde nämeler boldy: uly wagyrdy, sykylyk, wakyrdy. — Bu arassasumaga serediň-ä! Sen beýle nireden çykdyň? Seniň bilen hiç kim bir saçagyň başynda oturmaýar. Bar, geziber, goý mylakatlylygyň seni ýylatsyn hem naharlasyn. Şazada hatda açlygyny-da unutdy, ol edil kiçijik oglanjyk ýaly bolup, möňňürip aglamak isledi. Ol hapa, tozanly köçäniň ortasynda ýalňyz özi durdy, garawullarynyňam hemmesi pytradyşyp gitdi, ähli öýleriň gapylary-da ýapykdy. Şazada nirä barýanyny özem bilmän, aýlandy ýördi, soň özüne çekiji ysy alanda saklandy. Onuň öňünde çörek dükanjygy durdy. — Haýyş edýärin, maňa azajyk çörek beräýiň. Men size gowuja tölärin — diýip, şazada aglap haýyş etdi. — Näçe? — diýip, ondan şobada soradylar, — bu ýerde gözýaşlar hiç kimi gynandyrmaýar. — Näçe diýseňiz. — Geýimleriňi ber-de, bir döwüm çörek al, soň ugra şu ýerden — diýip, gapydan dükançy kellesini çykardy. Ol gowy adam patyşa geýiminiň deregine şazada porsy jul bilen bir döwüm çörek berdi, ýöne Ynanjaňlyk muňa-da şatdy, ol indi güýjüne gelip biler. Ol çörekden birnäçe gezek dişläp ýetişmänkä, oňa tanyş bolan garawullar gelip, onuň ellerini gaňyrdylar we ýeňsesinden itip, tizräk ýöremegini buýruk berdiler. Ýenjilen, paralanan şazada birazrak wagtdan soň, başynda edil Mylakatlylyk korolyňky ýaly bolan täji geýen gysga aýakly tagtda oturan adamyň öňünde durdy. Tagtyň ýanyna knýazyň raýatlary üýşüpdirler, polda bolsa, şazadanyň geýimini alyp, ýerine çörek beren dükançy süýrenip ýörşüne ýaranjaňlyk edip gürledi: — Siziň alyhezretleriňiz, arwahyň ejesinden ant içýärin, bu meniň çöregimi we zatlarymy ogurlan ogry. — Sem bol, samsyk! Özüm düşünişerin — diýip, ol adam azgyryldy. Şazada öz öňünde knýaz Gödekligiň durandygyny bildi-de, mylakatlylyk bilen salam berjek boldy, ýöne özüne has köp zyýan ýetirmejek bolup, oňa nähili ýüzlenende gowy boljakdygy hakda pikir etdi. — Sen kim we meniň şäherime näme üçin atylyp girdiň? — diýip, knýaz gygyrdy. — Men şazada Ynanjaňlyk, siziň şäheriňize atylyp giremok, men ýolumdan azaşdym, maňa, umuman, başga tarapa, korol Hoşamaýlygyň ýanyna gitmek gerekdi. Siziň garawullaryňyz meniň üstüme hüjüm edip, paýtunymy, atlarymy, gymmat bahaly zatlar salnan sandygymy elimden aldylar… — Ýok, siz bu bihaýa porsy gedaýa serediň-ä, gapyrgalaryna çarşak sanjyň! — diýip, knýaz şazadanyň sözüni böldi. — Ol özüniň baýdygyny we abraýly ýerdendigini aýdýar! Özüňe bir sered-ä, garantga! Mähelle bihaýa gedaýa gargyş baryny edip uwlady. — Munuň ogrudygyny we barypýatan ýalançydygyny özüňiz görýärsiňiz — diýip, dükançy hemmelerden gaty gygyrdy. — Oňa ölüm bolsun, oňa ölüm! — diýip, mähelle çirkin ses bilen talap etdi. — Elbetde, ölüm! — diýip, knýaz arlady. — Ýöne bu gün meniň keýpim gowy, bu ýalançyny we ogrujygy bagyşlaýaryn, ýöne özüniň şazada Ynanjaňlykdygy, kakasynyň bolsa, korol Mylakatlylykdygy barada aýdan sözlerinden ýüz öwürýändigi hakdaky dokumente gol çekse bagyşlaýaryn. Goý, koroldan hiç hili tabşyryk almandygyny, Mylakatlylygyň nesihatyny niredendir bir ýerden tötänden eşidendigini we olary ýigrenýändigini boýun alsyn. Goý, iň gözgyny ogrujyk we ýalançy hökmünde gürlände sypaýy hem ýakymly gürleşýänleri hiç haçan gowy görmändigini, diňe bir zady, ýagny biziň ajaýyp gozgalaňçy, sögünçsiz ýekeje güni hem geçmeýän şäherimizde ýaşamagy gowy görendigini aýtsyn. Soň, goý ýaşabersin. Eger ýaşap bilse — diýip, knýaz sözüniň üstüni ýetirdi we hahahaýlap güldi. «U-u-u» — diýip, mähelle sustupes uwlady. — Siz ýene nämeden nägile bolýarsyňyz, samsyklar!? Ýok boluň! — diýip, knýaz azgyryldy, garawullaram mähelläni depip kowup başlady. — Men bu mylakatly, edepli oglanjyga nähili lezzet bilen ölüm jezasyny bererdim — diýip, knýaz özüne tarap eglen maslahatçysyna aýtdy. — Ýöne bolanok, meniň Mylakatlylyk korol bilen parahatçylykly şertnamam bar. Eger meniň buýrugym bilen ýekeje mirasdüşerini öldürendiklerini bilse, onda uruşdan gaça durup bilmeris. Biziň hemmämizem Mylakatlylygy ýeňer ýaly derejede güýçli däl. Korol Mylakatlylyk ogluny tapjak bolup, ýarym ýyllap biderek synanyşdy. Wepaly hyzmatkärler ony şazadanyň diri däldigine, ony talandyklaryna we öldürendiklerine, ýogsam mähirli oglunyň özüniň bardygy hakda hökman habar berjekdigine ynandyrjak boldular. Korol umydyny ýitirmedi. — Men ony tapmaga ýene bir gezek synanyşjak — diýip, ol hyzmatkärlerine aýtdy. — Biz meniň korollygymyň ähli künjüni gözledik, ýöne bir ýeri gözlemedik. Serhetde taşlanylan bir ýer bar, ol ýerde myhmanhana hem bar, onuň eýesi köpden bäri biziň ynamymyzy ödemeýär. Maňa eýýäm näçe gezek onuň üstünden arz edildi. Kimdir biri onuň hakyky adynyň Ýowuzdygyny maňa aýtdy. Munuň şeýlemidigini barlamanyň wagty boldy. Agşama golaý korol Mylakatlylyk şol myhmanhana baryp ýetdi. Myhmanhananyň eýesi onuň koroldygyny tanap, hekden-de ak boldy we oňa sakawlap salam berdi: — Biziň pukaraja jaýymyz üçin nähili uly hormat! Siziň alyhezretleriňize näme hyzmat edip bilerin? — Adatça siz ýadaw ýolagçylara nähili hyzmat edýärsiňiz — diýip jogap bermek bilen korol gürrüňi uzaldyp oturmajakdygyna we özüni nämäniň gyzyklandyrýandygyna yşarat etdi: — Aýtsana, gadyrdan, ýarym ýyl mundan ozal şu ýerde gepi-sözi ýakymly bir ýaş ýigit düşläp geçdimi? Myhmanhananyň eýesiniň gorkýany aýdyňdy: — Ýarym ýyl mundan ozal? Eýsem, düşläp geçenleriň hemmesini ýatda saklap bolarmy? Şonuň ýaly biri bolupdy öýdýärin, ol Gödeklik knýazlygyna myhmançylyga barýanyny aýdypdy öýdýärin. Agşamlyk naharyndan soň korol özüne taýýarlanylan iň gowy otaga gitdi. Ýol ony ýadadypdy, emma ol uklap bilmedi. Myhmanhananyň eýesiniň özüni alyp barşy bir täsindi, kimdir biriniň Gödeklik knýazlygyna meýletin gitjekdigi baradaky habar onuň kellesine sygmaýardy. Korol daňyň ataryna zordan garaşdy we atlary eýerlemegi buýurdy. Günortanlar onuň ekspedisiýasy iki ýoluň çatrygyna baryp ýetdi. Korol durmagy buýurdy-da, paýtundan düşdi. Ol görkezijiniň ýanyna bardy: saga barýan ýol — Hoşamaýlyk patyşanyň ýanyna, çepe barýany hem hiç kimiň öz islegi bilen barmak islemeýän pitneçi şäherine alyp barýar. Ol ýere şazada asla-da gitmeýärdi, sebäbi onuň elinde hakyky karta bardy. Korol oýlanyp durşuna görkezijä eli bilen kakdy welin, ol birden yrandy. Ol görkezijini itdi welin, ol ýykyldy. — Näme diýseňizläň, men näme bolanyny bilýärin öýdýärin. Görkezijiniň ýeri üýtgedilipdir, şonuň üçin eger men oňa seredip, saga gitsem, onda çep tarapyň barýan ýerine barýaryn. Biz saga, doganymyzyň ýanyna gitmekçidik, ýöne özümizi aldatmarys — bize çepe gitmek gerek. Pitneçi şäheriň galasynyň derwezesi kakylanda, eýýäm gije düşüpdi. — Arwahlar ýene kimi alyp geldiler? — diýen gödek ses eşidildi. — Seniň patyşaňy! — diýen haýbatly jogap eşidildi welin, derweze giňden açyldy. — Siz biziň knýazymyzyň ýanyna bolsaňyz gerek — diýip, garawul sakawlady. Knýazyň köşgündäki äpişgeleriň çyralarynyň hemmesi şobada ýandy, onuň hojaýyny-da, öwşün atyp duran atlyn danly korol bilen salamlaşmaga çykdy we hormat bilen baş egdi: — Salam, siziň alyhezretleriňiz! Sizi biziň ýanymyza beýle giç wagtda näme, özem duýdansyz, alyp geldi? — Men öz oglumy gözleýärin — diýip, korol açyk aýtdy. — Ol betbagtçylyga uçrap, siziň bir ýeriňizdedir diýip pikir edýärin. — Korol özüne görkezilen giň kürsüde oturdy-da, knýaz Gödekligiň göni gözlerine seretdi. — Bizde? Ýok-la, siziň alyhezretleriňiz! Men öz knýazlygymda bolýan zatlaryň hemmesini bilýärin. Ýagdaýlara seretmeli bolýar, özüňiz düşünýärsiňiz, adamlar aç, gödek, başgasyny siz bize ibermeýärsiňiz. Ýogsa-da, duruň, bir waka ýadyma düşýär. Ýarym ýyl mundan ozal bir gedaý ýalançy hem ogrujyk peýda boldy, ol özüniň siziň ogluňyz Ynanjaňlykdygyny aýtdy. Munuň ýaly bihaýalygy üçin ony jezalandyrmaly bolduk, ýöne kezzap munuň ýalandygy baradaky dokumente gol çekenden soň, men oňa janyny sowgat berdim. Öz gözleginiň maksadyna golaýlandygyny öňden duýmadan ýaňa Mylakatlylyk korolyň ýüregi gürsüldäp urdy, ýöne ol knýaza hiç zat diýmän, gürrüňiň tükenendigini duýdurdy we dynç almaly otagyny görkezmegini buýruk berdi. Ertir irden korol ýönekeý lybas geýip, şähere çykdy. Ol hapa köçelere aýlanyp, deňinden geçýänleriň ýüzlerine seretdi we olaryň näderejede gödekdiklerine we rehimsizdiklerine aňk-taňk boldy. Bu onuň şu wagta çenli gören şäherleriniň iň ýigrenjisidi. Beýle pes gylykly adamlaryň içinde ogluny nädip tapmaly, eger ogly entek diri bolsa, onda kakasynyň bu ýerdedigine düşünmegi üçin näme etmeli? Gije-gündiz şu barada pikir edip ýörşüne korol ahyrsoňy bir mekir plan oýlap tapdy. Ilki bilen korol knýaza onuň şäherinde birazajyk wagt saklanjakdygyny, şol sebäpden hem, şäheriň hojaýynynyň hasabyna ýaşamak islemeýändigini, şoňa görä-de, özüne degişli bolan her hili suwenirler hem zatlar satylýan dükanjyk açmak isleýändigini hem-de knýaza salgyt tölemäge taýýardygyny aýtdy. Knýaz Gödeklik bireýýämden bäri korol Mylakatlylygyň gelenine oňaýsyzlyk duýup ýördi. Ýeri, bu nähili boldy-how, bu nähili ýaşaýyş boldy, aňry ýanyň bilen sögünibem, hapa anekdot aýdybam bolanok! Ýöne ol munuň ýaly ýeňil gazanjyň öňünde-de durup bilmedi. Edil şol günüň özünde şäheriň köçejikleriniň birinde kiçijik dükan açyldy. Onuň tekjelerini korolyň we onuň hyzmatkärleriniň öz geýimlerinden kesişdirip alan ilikleri, lentajyklary, ýüplükleri we şuňa meňzeş zatlary bezedi. Harytlar diýseň özüne çekijidi, köpler iň bolmanda korolyň donunyň iňňebagjygyny almak isleýärdiler, onda-da şeýle arzanjak bahadan. Dükanyň gapysynyň agzyna kän mähelle üýşdi, ýöne hiç kim girmäge het edip bilmedi, onuň gapysynda: «Haýyş edýäris, hapa söz aýtmaň!» diýen ýazgy bardy. Mähelle ol ýazga heşelle kakyp güldi-de, hezil etdi, kimler hapa sözler bilen sögünip gitdi we şeýle bolgusyz düzgüni bolan dükan hakdaky täzeligi şähere ýaýratdy. Bu habarlar ýarym ýyllyk sergezdançylyk döwründe at ýatagynda özüne gonalga tapynan şazada hem baryp ýetdi. Bu bütin şäheriň içinde oňa sabyrlylyk görkezen ýeke-täk ýerdi. Şazada atçynyň mylakatly sözleýşi atlara ýaraýardy, at ýatagyny arassalamak üçin bolsa, söz asla talap edilmeýärdi. Ol mallara berilýän zatlardan iýmitlenýärdi. Ol haçan hem bolsa bir wagt öýüne gaýdyp barmagy arzuwam etmeýärdi, sebäbi öz inkär etmegine özi gol çekipdi ahyry. Adaty bolmadyk dükan baradaky habar at ýatagyna-da baryp ýetende, şazada Ynanjaňlyk düşündi: «Bu meniň kakam!» Bu şäherde Mylakatlylyk koroldan başga hiç kimem munuň ýaly bildiriş ýazmaga ukyply däldi. Ine, günleriň birinde täsin dükanjygyň ýanyna porsy uzyn köýnekli bir kirli gedaý gelip saklandy-da, gapynyň öňünde durdy. Ýüzüni ýapyp duran kapýuşony çalaja süýşürip, ol asylgy ýazgyny okady. Onuň gözlerinden ýaş akdy. Dükanyň gapysy açyldy we ol ýerde görnen hyzmatkär gedaýdan: — Sen girmek isleýärsiňmi? — diýip sorady. — Diýýäniňiz näme, gowy adam, meniň pulum ýok. Rugsat berseňiz men diňe okajak. — Saňa okamagy kim öwretdi? — diýip, dükandan korolyň özi çykdy. Bu ýagdaý bilesigelijileriň ünsüni özüne çekmän bilmedi. Dükanyň ýanyna pitneçi ýaşaýjylaryň bir topary ýygnandy-da, gedaýyň üstünden gülüp başladylar. — Ine, barypýatan samsyk! Gir, özüňe suwenirjik al. Ýöne şondan soň seni hatda at ýatagyna-da salmazlar, açlykdan ölersiň! Özlerinden hiç kimiň beýle göze ýakymly dükana girip bilmeýändiklerine şäherliler kemsinýärdiler, bu ýeňiýoluk bolsa, girsemmikä ýa girmesemmikä diýip pikirlenip dur. Şazada dogrudanam kyn kararyň öňünde durdy. Ol şu wagt girip, öz kakasynyň düzgünleri we prinsipleri boýunça gurlan ýeriň territoriýasynda iň bolmanda soňky gezek bolmagy dünýädäki hemme zatdan-da beter isledi. Hawa, ol mynasyp ogul däldi, kakasynyň nesihatyny ýerine ýetirmedi, wajyp tabşyrygy berjaý edip bilmedi, hemme zatdan, hatda gowy adyndanam mahrum boldy. Korol Mylakatlylyk asuda ynsaby bilen ony bu ýigrenji şäherde goýup gidibem bilerdi, aýratynam, şazadanyň öz janynyň ýerine ýigrenji kagyza gol çekmek bilen eden dönükligini bilende. Ýöne indi onuň durmuşy nähili boldy? Munuň ýaly ýaşaýşy dowam edeniňden, pikirleriň we sözleriň arassalygy içinde geçirilen ýekeje pursat üçin öleniň gowy. Şazada aýgytlylyk bilen kellesindäki kapýuşony aýyrdy-da, öňe ädim ätdi. — Oglum, — diýip, korol gujagyny giňden açdy, — men seni şeýle köp gözledim! — Kaka, men indi seniň ogluň adyny almaga mynasyp däl — diýip, duýgularyna hötde gelip bilmedik şazada möňňürdi. Korol endamyna at ýatagynyň ysy siňip giden ogluny bagryna berk basdy-da: — Muny özümiň çözmegime rugsat et — diýdi. — Ýöne men bu eden zatlarymdan soň köşge nädip gaýdyp baraýyn? — Edil azat edilen ýesir ýaly — diýip, korol aýtdy. — Bar, ýuwun, iý we geýimleriňi çalyş, bize öýe barýan ýol garaşýar. Korol Mylakatlylyk ýygnanmaga köp wagt sarp etmedi. Onuň içinde şazada we wepaly hyzmatkärleri bolan paýtuny çaltlyk bilen şäher derwezesine tarap ugrady. Olar knýazyň galasynyň deňinden geçmelidiler. Paýtun galanyň deňine gelende, balkonda knýaz peýda boldy. — Siziň alyhezretleriňiz, uzaga gitmekçimi? — knýazyň sesinde indi sylaşyk ýokdy, ol gedem hem tekepbir gürledi. — Siz ýanyňyz bilen bu gedaýy alyp gidip bilmersiňiz, ol siziň ogluňyz däl, sebäbi ol özüniň bary-ýogy gözgyny kezzapdygy we ogrudygy, özüne siziň wajyp tabşyryk beren ýalançydygy baradaky dokumente gol çekdi — diýip, knýaz kagyzy ýokary galdyrdy-da, ony ýokarsynda salgady. Ilki korol Mylakatlylyk munuň ýaly bihaýalyga aňk-taňk boldy, ýöne derrew özüni ele aldy-da: — Men söze ähmiýet bermeýän adama ynanmaýaryn. Sen öz şäheriňe şazadanyň gelmändigini aýtdyň, indi bolsa, öz aýtmagyňa görä, dokument bolup durýan, meniň oglumyň meýletin gol çeken kagyzyny maňa görkezýärsiň. Saňa nähili düşünmeli? Knýaz özüne erk etmegi doly ýitirdi: — Sen, nejis korol, maňa garşy çykjak bolýarsyňmy? Uruş isleýärsiňmi? Sen ony alarsyň. — Biziň parahatçylyk baradaky ylalaşygymyz näme? — diýip, korol sorady. — Men oňa soňundan bozmak üçin gol çekmedim. — Umyt edip hem oturma, bu gezek sen uruşdan gutulyp bilmersiň. Öz janyňa we mirasdüşerjigiňe töwekgelçilik etmeli däldigine akylyň çatar diýip pikir edipdim. Ýöne ähli arassaçyllar ýaly senem akmak ekeniň, şonuň üçin hem ölersiň. Bilýärsiňmi, ölümiň öň ýanynda men saňa ýene näme diýýärin, kemakyl korol? Men seniň patyşalygyňa eýe bolmagy we adamlaryň göwnüne ýaraýan tertibi gurmagy öňden bäri arzuw edip gelýärdim! Olara seniň edepliligiň we dogruçyllygyň gerekdir öýdýärsiňmi? Beýle däl bolaýmasyn! Olaryň hemmesi gygyrmak we hapa sögünmek, gödek gürlemek we kemsitmek isleýärler. Olaryň hemmesi pis, gözgyny, murdar adamjyklar, olara diňe sen üns berýärsiň. Men olara özleriniň isleýän zatlaryny — haramlygy — berýärin. Goý, ondan gerk-gäbe bolsunlar! Knýaz Gödeklik gitdigiçe gazaba mündi, çygyrdy we aýaklaryny tarpyldatdy, tüýkürdi we geýimlerini ýyrtdy. Ýüzi garamtyl gyzyl boldy, gözlerine gan indi, ol edil rezin top ýaly çişdi… we gahardan ýaňa ýaryldy. Pitneçi şäheriň meýdança üýşen ýaşaýjylary we garawullary aljyraşyp biri-biriniň ýüzlerine seretdiler, näme diýjeklerinem bilmediler. Olar gizläp bolmajak gorky bilen korol Mylakatlylyk tarapa seretdiler, ol Gödeklik öleninden soň, «pis adamlary-da» öldürer öýtdüler. Indi knýazyň hökümdarlygy gutaryp, korol Mylakatlylyk olaryň hökümdary bolupdy. — Dogrudanam, biz olary näme edeli? — diýip, maslahatçy korolyndan sorady. Korol Mylakatlylyk hapa, gözgyny adamlaryň mähellesine ünsli seredip: — Olara gowy gylyklary öwrediň — diýdi. — Eýsem, bu mümkinmi? — Adam üçin mümkin bolmadyk zat Hudaý üçin mümkindir. Goý, olaryň ýürekleriniň üýtgemegini Ýokary Kazydan haýyş etmekden başlasynlar. Menem özüm tarapdan olara bu meselede azajyk kömek ederin-de, dükanymy galdyraryn. Goý, ondaky ýazgy nämä dyrjaşmalydygyny olara ýatlatsyn: «Haýyş edýäris, hapa söz aýtmaň!» Yzlaryna gaýdyp gelýärkäler korol, şazada we wezirler ýoluň gyrasyndaky myhmanhanada gije ýatmaly bolýarlar. Olar bu ýere golaýlanlarynda diňe tüsseläp duran otly kesindileri gördüler — bu öňki jaýdan galan zatdy. Atlylary görüp, tokaýdan sakgal basyp giden bir adam çykdy. — Sen kim? — diýip, garawullaryň başlygy sorady. — Men birwagtlar bu myhmanhananyň eýesidim, adamlar maňa Ýowuz diýýärdiler. Meni korolyň ýanyna goýberiň, haýyş edýärin! Korol Mylakatlylyk mülki ýanan, korol özüniň günäsini bagyşlaýança, ýerinden turman dyza çöküp duran adam bilen gürleşmäge razylyk berdi. Ýowuz talaňçylary nädip yrandygyny, olara paý wada berenini, ýöne açgözlülikden ýaňa olara söz beren paýyny bermändigini, şol sebäpden hem olaryň ar alyp, myhmanhanany ýakandyklaryny gürrüň berip, etmişleriniň hemmesine toba etdi. — Men seni bagyşlaýaryn — diýip, korol aýtdy, — mundan başga-da, eger mundan beýläk hiç hili erbetlik etmejegiňe söz berseň, täze myhmanhana gurar ýaly, saňa pul berjek. — Sag bol, mährem korol. Myhmanhanany, dogrudanam, täzeden gurup bolýar, ýöne men täze aýaly we täze çagalary nireden alaýyn? Oduň içinde bütin maşgalam ýanyp öldi. Ýok, mährem korol, maňa pitneçi şähere gitmäge rugsat et. Men knýaz Gödekligiň öz gaharyndan ýaňa ýarylanyny we onuň halkynyň öz başyna goýberilendigini eşitdim. Ynanaýyň, indi men olara näme diýmelidigini we olary nirä ugrukdyrmalydygyny bilýärin, elbetde, men gowy gylyklary öwreder ýaly gowy mugallym däl, ýöne siziň ogluňyz bilen gürleşip, käbir zatlary öwrenip bildim. — Bar, dostum, — diýip, patyşa şatlyk bilen aýtdy. — Bar, indi günä etme.