Ýelena Sokolowa ALTYN ÝÜREK Çagalar we ulular üçin ertekiler Howuz Kiçijik howuzda bagtly ördejik ýüzüp ýör. Ine-de, ol ýüzüp, çümüp, üstüne suw sepip ýadady-da, uzyn otlugyň içinde gezelenç etmek üçin kenara çykdy. Вu howuzda bagtly gurbaga-da ýüzüp hem çümüp ýördi. Ol hem ýüzüp, çümüp, suw sepinip ýadady-da, uzyn otlukda gezelenç etmek üçin böküp kenara çykdy. Şol ýerde hem olar duşuşdylar. — Salam, ördejik! Warryk, warryk, sen owadanja! — diýip, gurbaga aýtdy. — Salam, gurbaga! Wark, wark! Senem owadan! Sen nirede ýaşaýarsyň? — diýip, ördejik sorady. — О! Meniň ajaýyp howzum bar! Onuň suwy duruja, kenardaky otlaryň içinde bolsa, tagamlyja çybynlar bar! — diýip, gurbaga jogap berdi. — Gaty gowy! Meniň howzumyňam suwy arassa, töwerekde bolsa, tagamlyja çybynlar örän köp! Ýör, meniň öýüme myhmançylyga! — Höwes bilen! — diýip, gurbaga begendi. Ördejik gurbagany öz howzuna alyp bardy. Olar bu ýere gelenlerinde, gurbaga hiç zada düşünmän: — Sen meni öz howzuma myhmançylyga alyp geldiňmi? Ördejigem haýran galdy: — Sen näme üçin meniň howzuma özüňki diýýärsiň? Gurbaga bilen ördejik sögüşdiler, ýöne barybir howzuň kimiňkidigini anyklamadylar. Ahyrsoňy, sögüşmeden ýadap, olar: — Ýaryşaly! Kim aňyrky kenara tiz ýüzüp barsa, bu howuz hem şonuňky bolsun! Şeýle hem etdiler. Gurbaga bilen ördejik suwa özlerini okladylar-da aýaklary bilen güýjünde baryny edip hereket etdiler. Olar tutuş howzy bulandyrdylar, suwuň düýbünden suwotyny ýokary çykardylar-da, beýleki kenara… bir wagtda… çykdylar. Aşa tolgundylar, aşa gaharlandylar — howzuň kimiňkidigi ýene düşnüksiz. — Gel, şeýle edeli: kim çöpi uzaga oklasa, howuz şonuňky bolsun! — diýip, gurbaga teklip etdi. — Gel! — diýip, ördejik razy boldy. Olar çöpi oklap başladylar. Olar tutuş howzuň ýüzüni çöpden, şahajyklardan, taýajyklardan dolduryp hapaladylar, emma barybir kimiň uzaga oklanyny anyklap bilmediler. Howzuň başyna Daýanç atly oglanjyk eline öz ýasan gämisini alyp geldi. Ol howzuň nähili bolup galanyny gördi, tapdan düşen gurbaga bilen ördejigi hem gördi-de, aglaman zordan saklandy. Daýanç gämijigini kenarda goýup, özi öýüne tarap howlukmaç gitdi. Daýanç tor halta bilen yzyna gaýdyp geldi. Ol onuň bilen hapalaryň hemmesini aýyrdy. Kenarda agajy suwuň üstüne abanyp durar ýaly, gurbaga onuň aşagynda gizlenip biler ýaly edip dikdi-de, onuň üstünde gurbagany oturtdy. Daýanç ördejigi alyp, ony seresaplyk bilen suwa goýberdi, onuň öňünde bolsa, bir döwümjik çörek goýdy. Mundan soň, Daýanç öz gämisini ýüzüşe goýberdi-de, kenarda ony synlap durdy. Ördejik gurbagadan: — Howzuň kimiňkidigini bilýärsiňmi? — diýip sorady. — Bilýärin, — diýip, gurbaga jogap berdi, — Daýanjyňky. Men Daýanjyň howzunda ýaşamagy gowy görýärin! — Мenem! — diýip, ördejik şadyýan aýtdy-da, suw tomzajygyny tutmak üçin suwa çümdi. Bal arylary Tomsuň yssy gününde iki sany bal arysy ellerine bedre alyp, öýjüginden uçup çykdylar-da, şire ýygnamak üçin uçup gitdiler: «Wyz-z-z…» Bal arylary üýşmek suwuň içinde owadan gül gördüler-de, onuň üstünde maňlaýlaryny çaknyşdyrdylar. — Bu wyz-z-z-z meniň gülüm! — diýip, birinji bal arysy aýtdy. — Ýok, bu meniň wyz-z-z gülüm! — diýip, ikinjisi jogap berdi. Olaryň deňinden bilesigeliji bal ary geçip barýardy, ol hem jedelleşýänleri gördi-de, wyzzyldady: — Siz bu ýerde wyz-z-z näme işleýärsiňiz? — Bal ýygnaýarys, — diýip, kejir bal arylarynyň biri jogap berdi. Bilesigeliji bal ary haýran galdy: — Siz şeýle edip, köp ýygnadyňyzmy? Jedelleşýänlere ýanlaryndan uçup barýan kebelek jogap bermäge päsgel berdi. Gülüň üstünde saklanyp duran bal arylarynyň jedeli ony hem gyzyklandyrdy. Ol hiç zada düşünmän: — Size näme boldy? — diýip sorady. — Оlar bal ýygnaýarlar, — diýip, bilesigeliji bal ary jedelleşýänleriň deregine jogap berdi. — Nähili täsin zat — diýip, kebelek aýtdy. — Täsin zat ýok, biz adalat ugrunda göreşýäris. Edil edermen esgerler ýaly! — diýip, jorasy bilen maňlaýy çaknyşan bal ary aýtdy — Munuň üçin size medal bererler diýip pikir edýärsiňizmi? — diýip, kebelek degişdi. — Eşitdiňmi? Bize munuň ýaly çydamlylygymyz üçin medal berilmeli! — diýip, birinji bal ary begendi. — Indi men asla yza çekilmerin! Ölýänçäm duraryn! — diýip, ikinji bal ary özüniň aýgytlylygyny görkezdi. Entegem olary gapdaldan synlap duran bilesigeliji bal ary aglajak bolup gürledi: — Aklyňyza aýlanyň, hemmeler size umyt baglaýarlar, siziň şire alyp bararyňyza garaşýarlar. Serediň, töwerekde näçe owadan güller bar! Durnukly bal arylaryň biri haýran galdy: — Eger güli başga berseň, onda nädip şire ýygnajak, wyz-z-z-? — Dogrudanam! — diýip, ikinji bal ary tassyklady. — Еger biri-biriňe ýol berseň, asla şiresiz galarsyň! Bu tomaşany synlap duran bilesigeliji bal ary, agyr dem aldy-da, tumşugyny gaýgyly sallap, çemenzarlygy doldurup duran güllerden şire ýygnamak üçin uçup gitdi. Kebelek kejir bal arylaryň daşynda entegem owadanja ganatlaryny galgadyp durşuna doňup galdy-da, mylaýymja gürledi: — Men nirededir bir ýerde öz bähbidiňi däl-de, başganyň bähbidini gözlemelidigini eşidipdim. Kejir bal arylaryň biri güýçlenip: — Eşitdiňmi? — diýip, öz bäsdeşine ýüzlendi. — Sen öz bähbidiňi däl-de, meniň bähbidimi gözlemeli! Şonuň üçin bu ýerden uçup git. Bu meniň gülüm! Ony men ilki gördüm! Muňa ikinji bal ary: — Her neneň ýagdaý bolanda-da, gaýtam, sen meniň bähbidimi gözlemeli, şonuň üçin seniň özüň bu ýerden uçup git! Gün batyp barýardy. Ýaraşmazak arylaryň üstünde dawalaşyp duran gülüniň gül ýapraklary haýaljakdan ýapylyp başlady. Tapdan düşen bäsdeşlere öýüne gitmekden başga ýol galmady. Öler ýaly ýadap, öýjüklerine dolanyp gelenlerinden soň, bu bal arylary gyryksy wyzzyldy bilen biri-birini aýyplap, ýoldaşlaryna mamladyklaryny subut etmegi dowam etdirdiler: — Ol nähili kejir! Diňe özi hakda pikir edýär! Gülçı Вir uly şäherde köp gatly jaýyň iň ýokarky gatynda kiçijik balkonjyk bardy. Her tomusda ol köp sanly her dürli güllerden ýaňa ala-mula bolup durýardy. Balkonjygyň eýesi birgeňsi adamdy. Ol dymmady, mylakatly däldi, onuň agyr häsiýeti hüňürdegenliginde ýüze çykýardy. Gülleri söýüji töweregine dostlary ýygnamagy başarmaýardy, şonuň üçin köplenç ýeke bolýardy. Gülçi ýylda bir gezek uzak ýurtlara gidýärdi-de, her gezekki syýahatynda ýönekeý däl-de, seýrek duş gelýän gülleriň tohumyny getirýärdi. Ine, uzak ýurtlaryň birinde ol bir gezek howlukman bazardaky dükanlaryň deňinden geçip barýarka, birdenkä edil dikilen ýaly bolup durdy. Onuň öňünde adatdan daşary owadan güller durdy. Onuň gül ýapraklary edil jennetdäki guşlaryň açyk reňkli ýelekleri ýalydy, olar özlerine seredýänleriň hemmesini özleriniň gözelligi bilen begendirýärdi. — Seniň gülleriň ady näme?— diýip, gülçi satyjydan sorady. — Olaryň tohumynyň bahasy näçe? — Gülleriň ady «Hakykat», olaryň tohumynyň bahasyna ýetip bolmaýar. Bu barada näme diýeýin: «Hakykat» — meniň satmaýan ýeke-täk gülümdir. Galanlaryndan göwnüň islänini saýlaý. — Wah, men hut şu gülleri isleýärin! Başgalary gerek däl! Men olar üçin seniň soran zatlaryň hemmesini bererin! — Näme diýsene, gelmişek, eger seniň islegiň beýle uly bolsa, onda men olary saňa sowgat berýärin. Syýahatçy öz şäherine gaýdyp geleninden soň, «Hakykaty» balkondaky aýratyn bir gutuda oturtdy. Bir gezek ol göwnühoş hem şadyýan bolup, işe ugrady, ýany bilen şöhlatly çöregi hem almagy ýatdan çykarmady. Awtobus duralgasynda gülçiniň ýanyna bir tüýlüje pişik gizlenip gelip, portfeliň hurşly çörek duran tarapyna tumşugyny süýkedi. Gülleri söýüji gaharlanyp, pişige şeýle bir pyşşyldap azgyryldy welin, pişik guýrugyny galdyryp, gül ekilen ýerleriň içi bilen ok kimin atylyp gidip, agaja çykdy. Şol wagt awtobus geldi, gülleri söýüji hem basgançakdan ýokary galyp başlady. Ol edil şu pursatda öz balkonyndaky arzyly gutudaky toprakdan owadan hem uzyn tiken gögerendir diýip pikir etdimi? Gülçi birnäçe duralga geçeninden soň, çykalga tarap süýşüp başlady. Ol ýolagçylara öz portfelini degreninde, üns hem bermedi. Kimdir biriniň sumkasyna degende bolsa, nägile eşidilen aýal sesini eşitdi: — Seresap bolsaňyz-la! Gülçi paýratdy: — Bu ýerde sumkaňy goýmaly däl ekeniň! Öz zadyňyza esewan boluň! Ol awtobusdan düşüp, öz edarasynyň gapysy tarapa ugrady, balkonda bolsa, ýene bir tiken gögerdi. Özem uzyn gyşyk hem ýapyşagan. Gülleri söýüji işe gijä galdy. Başlygy oňa duş gelip: — Siziň gijä galandygyňyz sebäpli, biz wagtynda müşderä sargydyny ugradyp bilmedik! — diýdi. Gülleri söýüji gözlerini arz edijilik bilen gyrpdy: — Aý, bilýärsiňizmi, men özümi gaty erbet duýdum. Gerek dermany tapýançam, onuň peýda edenine göz ýetirýänçäm… Balkondaky gül gutusyndaky toprakda tiken ösüp çykdy. Özem gyşyk hem ýapyşagan. Gülçi agşam öýüne işden gaýdyp gelýärkä, öýüniň öňünde köne tanşyna gabat geldi. — Salam! Nähili ýagdaýlaryň? — diýip, dosty sorady. — Gowy, sen gaty gowy görünýärsiň! — Sag bol, senem erbet däl! Entegem syýahat edýärsiňmi? — Hawa. Bu gezegem täze gülleriň tohumyny getirdim. — Berekella, üstünlik hemraň bolsun. — Sag bol, häzirlikçe! Dosty ýöremäge ýetişmänkä, gülçi hüňürdedi: — Nähili semiz! Balkonda ýene bir tiken gögerdi. Gülleri söýüji özüniň ýokarky gatdaky öýüne baryp, balkona çykdy, görse, arzyly gutuda… gögeren tikenler durdy. — Bu «Hakykatmy»? — diýip, ol gygyrdy. — Bu nähili «Hakykatmyşyn»?! Diňe tiken çykarypdyr! Ah, ol ýalançy! Şol satyjy! Balkonyň üçeginden duralgada ertirki hurşly çörekli portfeliň ýanyna gelen sary pişik bökdi. Gülçi ýigrenç bilen arlady: — Ýok bol! Pişik ýumlukdy, gül gutudaky toprakdan tiken gögerdi. Gülleri söýüji aljyrady: — Ine, näme üçin tiken çykan eken we gül şeýle atlandyrylýan eken… Piş-piş-piş — diýip, ol pişigi mylakatly çagyryp başlady. Şol wagt onuň gözüniň öňünde bir tiken yzyna topraga gitdi. Gülçi öz otagyna baryp, kürsüde oturdy-da, gözlerini ýumup pikire gitdi. Ol birden özüniň şu günki eden hereketlerini gapdaldan durup görýän ýaly gördi. Ol gaýgylandy. Soň hakydasynda ozal eden zatlarynyň hemmesi we durmuşda şeýle etmegi umuman endik edinişi peýda boldy. Onuň gözleri ýaşa doldy-da aglady. Ertesi gün irden gülleri söýüji işe gitmekçi boldy. Ol bir zat hakda pikir etdi: gijä galmasa bolýar, artykmaç zat aýtmasa bolýar, hiç kimiň göwnüne degmese, gynandyrmasa we ýüňsakal etmese bolýar. Ep-esli wagt geçdi. Günleriň birinde gülleri söýüji öz balkonyna çykdy-da, ertekidäki ýaly gözellige haýran galdy. Köpden bäri hiç zat gögermän duran gutuda güller açylyp dur. Olaryň gül ýapraklary edil jennetdäki guşlaryň ýelekleri ýaly, Günüň ýagtysyna ajaýyp öwsüp durdy. Onuň gözlerinden ýaş akdy, ýuwaşjadan: — Maňa «Hakykaty» sowgat beren adam, köp sag bol — diýdi. Roždestwo sowgady Вir örän garyp oglanjygyň hiç zady we hiç kimi bolmandyr. Onuň ejesem, kakasam, umuman, Jemşit adyndan başga hiç zadam bolmandyr. Jemşit örän uly bir jaýyň örän kiçijik otagynda ýaşaýan eken. Bu öýüň hojaýyny bolan aýal örän baý eken. Bu tütjar baý aýalyň öýüniň iň owadan hem gelşikli jaý bolmagy üçin örän köp işleri edýän ençeme hyzmatkäri bolupdyr. Hiç zady we hiç kimi bolmadyk garyp oglanjyk Jemşit aşhanadaky hyzmatkäre kömek edipdir: ýer alma arassalapdyr, gap-gaç ýuwupdyr, hapany döküpdir. Örän uly jaýyň hojaýynynyň ogly aşa aýnadylan hem ynjyk bolupdyr. Onuň hemme zady — giden bir şkaf doly köýnegi, penjekleri, ammary dolduryp duran gutulardaky köwüşleri, krossowkalary, ädikleri, iň gymmat oýnawaçlary, reňkli suratly galyň kitaplary, kompýuteri hem wideomagnitofony bardy. Ýöne onda hiç haçan bolmadyk we bolup hem bilmejek zady — bu «pazllar» diýen oýundy. Baý aýalyň ogly hiç hili arzan zady we öz eli bilen ýygnamaly bolan zady gowy görmändir. Görgüli Jemşit hapany dökmäge gideninde, onuň içinden diňe bir döwlen däl-de, eýsem, bitinje oýnawaçlary tapýan wagtlary hem seýrek bolmaýardy. Gyzykly zatlaryň hemmesi-de, hojaýyn aýalyň ogluny tiz irizýärdi, şonuň üçin ol ýüregine düşen zatlaryň hemmesini hapa atýardy. Jemşit hapanyň içindäki oýnawaçlary görende, ony alyp, öz otajygyna gizlin alyp gelmekden saklanyp bilmeýärdi. Ýöne her gezegem bu onuň üçin juda erbet tamamlanýardy. Ol tapan zadyny sadaja otagynda her neneň gizlese-de, hojaýyn aýal ony barybir tapýardy-da, hyzmatkärine käýeýärdi we ony jezalandyrýardy, oýnawajy bolsa, gözüniň öňünde depeläp mynjyradýardy hem-de zyňyp goýberýärdi. Ol örän baý hem örän gysganç aýaldy. Agşam sagat onda onuň öýüň içine aýlanyp, otaglaryň hemmesinde çyrany söndürip çykýanyny hemmelerem bilýärdi. Jemşit garaňkylykdan örän gorkýardy. Her gün gije ondan soň, ol düşeginde eýläk-beýläk agdarylýardy, potologa seredýärdi, aglaýardy we uzak wagtlap uklap bilmeýärdi. Bir gün Roždestwonyň öň ýanynda hiç zady we hiç kimi bolmadyk oglanjyk baýramçylygyň öň ýanynda şagalaňly köçe bilen oýnawaç dükanynyň deňinden geçip barýardy. Ol: «Men ýöne bir oýnawaçlara seretmek üçin bu ýere girip bilýärin-ä» — diýip, pikir etdi. Satyjynyň stolunyň aňyrsynda satyjy durdy we baý geýnen alyjy bilen gürleşýärdi. Ol içeri giren Jemşidi görüp: — Oglanjyk, seniň puluň barmy? Eger sen ýöne bir seretmek isleýän bolsaň, onda daşardan serediber. Daşky tekjelerdäkileriň hemmesi satuwa goýlan — diýdi. Jemşit derrew daşary çykdy. Onuň yzy bilen baý geýnen alyjam çykdy. Ol oglanjygyň yzyndan ýetip: — Seniň adyň näme? — diýdi. — Jemşit. — Seniň ene-ataň nirede? — Meniň hiç kimim, hatda ejem bilen kakamam ýok. — Sen kim bilen ýaşaýarsyň? Umuman. Men şeýle-de hemme zady bilýärin… Sen bir örän baý we örän gysganç aýalyň öýünde ýaşaýarsyň. — Hawa, — diýip, haýran galan Jemşit aýtdy. — Siz kim? — Men — Perişde. Roždestwonyň öň ýanynda islendik arzuwyňy ýerine ýetirip, saňa islän oýnawajyňy sowgat berip bilýärin. — Sag boluň, ony barybir meniň elimden alýarlar. Perişde ýylgyrdy: — Sen nähili oýnawaç isleýärsiň? Jemşit gözlerini arzuw edijilik bilen süzdi-de: — Oýnawaç — bu gowy zat, ýöne, bilýärsiňmi, Perişde, men dünýäde garaňkylykdan gorkmazlygy hemme zatdan-da beter isleýärin — diýdi. Soň ol başyny sallap, ötünç sorady-da, tiz ädimläp, öz gözýaşlaryny hiç kimiň görüp bilmejek ýeri bolan otajygynda gizlenmek üçin örän uly jaý tarapa ýöredi. Perişde şowhunly köçede nämedir bir zadyň pikirini edip, ýene azajyk durdy-da, ýene oýnawaçlar dükanyna gaýdyp girdi. Tizara ol ýere bir aýalam girdi. Satyjy ondan mylakatlylyk bilen: — Näme isleýärsiňiz? — diýip sorady. — Меni bir örän baý öýde Roždestwo baýramçylygyny bellemäge çagyrdylar — diýip, alyjy düşündirip başlady. — Maňa hemme zady bar bolan örän aýnadylan we ynjyk oglanjyk üçin sowgat gerek. — Goşulýanym üçin bagyşlaweriň — diýip, nireden çykany belli bolmadyk baý geýnen nätanyş aýtdy. — Ol oglanda pazllaryň ýekeje toplumy-da ýok. Bu anykdyr. Şonuň üçin oňa, ine, şu toplumy sowgat etmegi maslahat berýärin. Nätanyş solgun suratly gutyny görkezdi. Alyjy howsala bilen haryda we maslahat berýäne seretdi. — Tfu, nähili çal, gelşiksiz surat — diýip, ol aýtdy. — Hut şunuň hakyky gerek zatdygyna siz ynanýarsyňyzmy? — Doly ynanýaryn. Alyjy aýal ýene bir gezek nätanyşa seretdi. Gymmat palto we köwüş, ýakymly ýüz — onuň bütin daşky keşbi ynam döredýärdi, ýöne gutusynyň ýüzi solgun suratly pazllar toplumyny satyn almaga berlen maslahat şübhe döretmegi dowam etdirýärdi. Şeýle-de bolsa, aýal bu maslahata eýerdi. Iki gün geçeninden soň, baýramçylyk geldi. Örän baý aýalyň bezelen öýünde myhmanlar ýygnanyşdy. Olar şatlandylar, garbandylar, soň sowgatlary açmaly pursat gelip ýetdi. Hojaýyn aýalyň ogly sowgat yzyna sowgat açdy. Ol öz sowgatlarynyň hemmesine seredip çykmak üçin az wagt sarp etmedi. Şeýdibem, tiz wagtdan otagyň ortasynda açyk reňkli kagyzlaryň küdesi emele geldi. Indi bu görgüli Jemşidiň ýygnap, hapa äkitmeli zibili bolupdy. Baýramçylyk tamamlananyndan soň, ol päk ynsaplylyk bilen öz borjuny ýerine ýetirmäge başlady-da, hapalary haltajyklara saldy. Ýyrtylan kagyzlaryň içinde Jemşit açylmadyk bir gaby gördi. Bu pazllardy. Munuň ýaly wakalaryň näme bilen tamamlanýandygy Jemşide gowuja mälimdi, ýöne ol barybir gutyny goltugynyň astyna sokdy, doly haltalary bolsa, hapa atylýan ýere alyp gitdi. Hapalar atylyp bolnanyndan soň, oglanjyk öz otagyna ylgap baryp, pazllary düşeginiň aşagynda gizledi. Baýramçylygyň ertesi güni örän baý öýdäkileriň hemmesi, hyzmatkär bilen, elbetde, Jemşitden başgasy, uzak wagtlap ýatdylar. Jemşit gyzyklanma bilen suraty düzüp, ony öýde hojaýyn aýal oýanýança tamamlady. Roždestwodan soňky birinji günüň agşamy ol hemişekileri ýaly, agşam sagat onda çyrany söndürmek üçin otajyga girende, düzülen suraty gördi. Surat oňa şeýle solgun hem gyzyksyz göründi, şonuň üçin ol ony alyp zyňmaga-da güýjüni gysgandy. Oňa çalaja gözüni aýlady-da, hojaýyn aýal çyrany söndürip, yzyndan gapyny berk ýapyp gitdi. Jemşit garaňkylykdan gorkup aglamakçy boldy, ýöne… garaşylmadyk ýagdaýda onuň ýygnan suraty edil otagda çyra ýakylan ýaly bolup ýagty saçdy. Jemşit demini alman diýen ýaly, Günüň ýagtysyna solgun görkezýän ýagtyly çyraly fosforly reňklere seretdi. Suratda başynda tikenden ýasalan täji bolan adamyň portreti we: «Isa seni söýýär» — diýen sözler bardy. «Sag bol, Perişde», — diýip, Jemşit pikirinde nätanyşa minnetdarlyk bildirdi we süýji uka gitdi. Şondan soň ol garaňkylykdan gorkmady. Waza Вir wagtlar bir ajaýyp şazada ýaşapdyr. Ol öýlenme kararyna gelipdir. Gyzlaryň hemmesi oňa deň derejede gözel bolup görnüpdir. Şazadanyň öýlenme meselesi diňe ony alada goýmandyr. Hemmelere mälim bolşy ýaly, şazadanyň saýlany soň adamsy bilen bile patyşalygy dolandyrmaly bolýar ahyry. Ol şa zenany bolmak bilen ygtyýara hem eýe bolýar. Şeýdip, günleriň birinde patyşalygyň ähli künjeklerine häzirki sag-aman ýören patyşa bilen onuň ogly, mirasdar şazadanyň şagalaň guraýandygyny yglan etmeli bolan çaparlar ugradylýar. Şonda şagalaňda, şazada üçin gelinlik saýlanylýar. Şonda nämeleriň bolup başlandygyny göz öňüne getirip bilýänsiňiz! Söwda dükanlarynda iň owadan hem gymmat matalar ýitdi. Tutuş patyşalygyň köwüş tikýänçileri atlazdan we parçadan sargyt edilen owadan köwüşleri tikmek üçin gijesi-gündizi dynman işlemeli boldular. Ezber kružewa örüjiler el ýaglyklary, ýakalary, köýneklere keseligine tikilýän wolanlary we manžetleri taýýarlamak üçin başlaryny galdyrman işlediler. Ine-de, uzak garaşdyrylan gün gelip ýetdi. Köşgüň baş girelgesi haýran galdyryjy wakalara tolgunma bilen garaşýan şagalaňa çagyrylanlardan doludy. Myhmanlaryň ýanyna şazada geldi. — Şagalaň ýatyrylýar, — diýip, ol gaýgyly yglan etdi. Hemmeler nämä garaşsalar-da, munuň ýaly zada garaşmandylar. Myhmanlar näme bolanyna, näme sebäpden ýatyrylýanyna düşünip bilmediler. Şazada diýseň gaýgylydy welin, hatda şondan soň, ýekeje-de söz aýdyp bilmedi, şol sebäpden hem düşündirişi wezir berdi. Gaýgyly bir waka şagalaňyň ýatyrylmagyna sebäp boldy: şazada bilmezlikde kakasynyň gowy görýän wazasyny döwdi. Waza patyşa bilen onuň aýalyna toý tutan güni sowgat berlipdir. Myhmanlar munuň ýaly habara şazadadan az gynanmadylar, belki, ondan-da köp gynanandyrlar, sebäbi olar köşge gelmek üçin ummasyz çykdaýjy edipdiler ahyry. Sesleriň ýaňy zalda ýaňlanyp gitdi. Şu pursatda myhmanlaryň ýanyna patyşanyň özi çykdy. Ol ajaýyp lybasly mähellä gaýgy bilen seretdi-de: — Gadyrly çagyrylanlar! Sizi şagalaňsyz galdyrmaklyk adalatsyzlyk bolar, şonuň üçin, eger kimdir biri meniň şertimi ýerine ýetirse, şagalaň bolýar diýip yglan edýärin. Eger siziň araňyzda wazany ýelimläp bilýän gyz tapylsa, onda şagalaň bolýar. Munuň üstesine-de, maňa wazany bitin edip gaýtaryp beren gyz şazadanyň gelinligi bolýar. Myhmanlar şatlykly gymyldadylar, patyşa bolsa, sözüni dowam etdirdi: — Ýöne bilip goýuň, waza edil täze ýaly bolmalydyr, ýekeje artykmaç bölejigem galmaly däldir. Wazany edil täzeje ýaly edip ýelimlemek üçin derrew ýüz sany gyz seslendi. Olaryň her biri ruhlanma bilen gözlerini uçganakladyp işledi, emma iş tamamlananda, barybir, birnäçe bölejigiň galanyny görýärdi. Artykmaç galyndylardan saplanmak üçin gyzlar nämeleri oýlap tapmadylar! Olara palçyk çaldylar, bir bölejigi beýlekisiniň üstüne ýelmediler, aşagyna goýdular, düýbüne taşladylar… Her gezek şunuň ýaly ýol bilen ýygnalan wazany eline alanda, şazada aldawy görýärdi. Şonda ol zähmet çeken gyzy aşa gynandyryp, wazany ýene döwýärdi, nobatdaky dalaşgär gyz bolsa, işe başlaýardy. Ahyrsoňy gyzlaryň biri: — Bagyşla, ajaýyp şazada, men bu wazany ýygnap bilemok. Men her neneň jan etsem-de, barybir artykmaç bölekler galýar. Olaryň seniň wazaň nagyşlaryna asla gabat gelmeýändiklerini bilýärsiň. Bu gyz hem özünden öňdäki gyzlar ýaly, bölejiklere uzak wagtlap seredip durdy, bir ýerden başga bir ýere geçirdi, ýöne onuň bölejikleriniň hemmesi gitmedi, ýöne ol artykmaçlaryny gizlemedi. Patyşa muňa diýseň begendi! Indi onuň mekirliginiň üstüni açmak bolar: ol gymmat wazanyň bölekleriniň içine ýönekeý toýun gabyň bölejiklerini goşan eken. — Ine, şu gyz hem meniň oglumyň gelinligi bolýar — diýip, patyşa yglan edýär. Soň şagalaň bolýar, myhmanlaram, patyşanyň akyldarlygyna we şazadanyň gelinliginiň gözelligine guwanyp, ýürekden şatlandylar. Ondan soň, şazadanyň gelni wazanyň ýüzündäki nagyş däl-de, aýlaw edilip: söýgi, wepalylyk, rehimdarlyk, pida edijilik, umyt diýlip ýazylan sözler ekendigini bildi. Toýun gabynyň bölejiklerinde bolsa, başga sözler — göripçilik, ýaranjaňlyk, tekepbirlik, ýigrenç ýazylan eken. Eýsem, bularyň hemmesini bir ýere ýygnamak mümkinmi? Durmuş mekdebı Ertekili şäherleriň birinde ýokarsy ýitelip gidýän üçekli daşdan edilen jaýlar bar eken, hersiniň ýokarsynda hem ýagty şöhleli asylgy ýazgylar bolupdyr. Şonuň ýaly ýazga seredeniňde, öýüň eýesiniň nähili düşünje bilen ýaşaýany derrew düşnükli bolýar duruberýär. Ol ýerde, mysal üçin, şeýle ýazgylar duş gelipdir: «Diňe men!», «Diňe meniň üçin!» «Hiç zat aýtma, men seni eşidemok», «Maňa hemme zat mümkin», «Maňa köp ber ýa-da örän köp ber, sebäbi maňa mydama az bolýar» diýen ýazgylar beýlekilerden has ýagtyrak bolup durýardy. Bu şäheriň jaýlarynyň gapylary, düzgün bolşy ýaly, ýapyk bolýardy. Siz nähili pikir edýärsiňiz, näme üçinkä? Günleriň birinde bu ertekili şähere eli hasaly we egni horjunly bir derwüş gelýär. Ol gapylaryň hemmesine kakýar. Eger jogap alyp bilmese, horjunyndan konwert çykaryp, ony öýüň bosagasynda goýýar. Derwüş Seýran Sopyýewiň gapysyny hem kakýar. Bu jaýda asylgy duran ýazgyda: «Özüm üçin, özüme, özüm hakda» diýip ýazylgydy. Içerde nämeleriň bolýanyny derwüş hatda göz öňüne-de getirip bilmedi. Ol ýerde bolsa, örän seýrek duş gelýän bulaşyklyk bardy. Hojaýynyň özi-de, şonuň ýalydy: saçy daralmadykdy, elleri hapady, geýimleri ýygyrt-ýygyrtdy. Hüžžerip duran Seýran gapynyň kakylanyny eşitdi-de: «Daşary seredip göreýin» — diýen karara geldi. Görse, bosagada ýapylgy konwert ýatyrdy. Seýran ony derrew aldy-da, gapyny ýapdy, soň otaga ylgap geçdi-de, diwana özüni atdy. Diwanyň üstüne bolsa, ýarym ýyldan bäri örtgi ýapylmandy. Seýran konwerti açdy — onuň içinde nähilidir bir kitap bardy, ady-da «Hoş Habardy» we bir kitapçajyk bardy. «Gadyrdan dost! — diýip, Seýran okap başlady. — Seni durmuş mekdebine çagyrýaryn. Mekdepdäki esasy predmetler sahylyk, rehimdarlyk, ýagşylyk, salykatlylyk, sylaşyk, batyrlyk, sabyrlylyk, myhmansöýerlik, özüňe erk etmedir. Mekdebi üstünlikli tamamlanyňdan soň sen hakyky adamlyk diplomyny alýarsyň, soň Men seniň öýüňe myhmançylyga bararyn. Durmuş mekdebiniň müdiri we esaslandyryjysy Isa Mesih». Seýran munuň nähili mekdepdigi bilen gyzyklandy, ozal ol munuň ýaly mekdep hakda eşidip görmändi. Ol «Hoş Habar» diýilýän tasin atly gollanmany ünsli öwrenip başlady. Mundan başga-da, ol näme üçindir özüni mekdebiň direktory diýip atlandyran Isa Mesihiň öz öýüne myhmançylyga gelmegini isledi. Bu az bolýan ýaly, ol hatda şol müdir bilen dostlaşmak hem isledi. Şeýdibem, gün, hepde we aý geçdigiçe Seýran Sopyýew Hoş Habar diýilýän gollanmanyň mazmunyna sabyrlylyk bilen aralaşdy. Şondan soň, onda birgeňsi zatlar bolup başlady. Ol näme üçindir öz öýüniň otaglary süpürilen, düşekler ýygnalan, gap-gaçlar arassa bolmaly, el süpürgiji ýuwulgy, äpişgeler bolsa, öwşün atyp durmaga borçludyr diýen karara geldi. Öz öýüniň nädip ýagty hem şatlykly bolanyny Seýranyň özem duýmady, jaýyň ýokarsynda asylgy duran köne ýazgy nirädir bir ýere gaýyp bolup gidipdir, onuň deregine bolsa, ol ýerde: «Başgalar üçin, başgalara, başgalaryň peýdasyna, başgalar hakda» diýen ýazgy dürli öwüşginler bilen ýalpyldap durdy. Eli hasaly täsin derwüş ertekili şähere giren şol gününde, onuň bosagada goýup giden habary bilen diňe Seýran Sopyýewiň gyzyklanmandygyny aýtmak gerek. Başga köçelerde-de, syrly mekdebiň okuwçysy bolmak islänler tapyldy. Gyzykly ýeri-de, bu şäheriň jaýlarynyň ýokarsyndaky ýazgylaryň üýtgäp, ozal hiç kimiň eşitmedik zatlary ýazylan — «Garyplara kömek edýärin», «Günäkärleri bagyşlaýaryn», «Ýeke adamlary baryp görýärin», «Ýamanlygy ýatda saklamaýaryn» diýen ýaly ýazgylaryň peýda bolup başlandygyndady. Durmuş mekdebine girmedikleri bolsa, munuň ýaly ýazgylar gorkuzdy. — Munuň ýaly düşünjeler bilen nädip aman galyp bolar? Eger diňe öz aladaňy etmeseň, näme bolar? — diýip, olar aýtdylar. Нer näme-de bolsa, hemmeler — habary kabul edenlerem, ony inkär edenlerem öýleriniň gapylaryny açyp, biri-birine seredip başladylar. Şäherdäki endik edilen asylgy ýazgylaryň üýtgemegi dowam etdirmegi hiç kimi perwaýsyz galdyryp bilmedi. Hemmeler täze ýazgylaryň indi nähili boljakdygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Jaýlaryň ýokarlarynda, kä ol ýerde, käte bu ýerde: «Täze dost tutunmak isleýärin», «Özüň hakda gürrüň ber, bu maňa gyzykly», «Meniň hemme zadym bar, şolary paýlaşmak isleýärin», «Meniň bilen naharlan», «Meniň öýümiň gapysy dostlarym üçin mydama açyk» diýen ýazgylar öwşün atyp durdy. Ertekili şäheriň köçeleri şowhunly hem köp hereketli bolup başlady. Bu bolsa, özleriniň ýapyk öýlerinde oturyp, köne: «Diňe men», «Diňe maňa», «Hiç haçan meniň öýüme gelme», «Menden bir zat soramaga het edäýme», «Нiç zat bermeýärin», «Hiç kimi diňlemeýärin», «Men akmak hem kejir», «Men gaharjaň hem gysganç» diýen ýazgylary hüşgärlik bilen goraýanlaryň gaharyny getirýärdi. Belki, size-de bu şäherde bolmaklyk, köçelerinde ýöremeklik we ýazgylaryny okamaklyk miýesser edendir. Eger ol ýerden ýol ugruna geçmän, eýsem, azajylyk ol ýerde ýaşamaly bolan bolsaňyz näme bolardy? Siziň jaýyňyzyň ýokarsynda nähili ýazgy asylgy durardy? Öwrenjek Oraz suraty gowy ýonulmadyk galam bilen reňkleýärdi. Galam kagyzy dyrnap, nätekiz çyzyklary galdyrýardy. Orazyň ýanynda dogany transformer oýnap otyrdy. Ol reňklenýän surata seredip: — Galamy ýonmak gerek — diýýärdi. Oraz öýkeläp, suraty myjyrdadyp hüňürdedi: — Sende-hä, galamyňam ýok. Oraz dogany bilen çagalar bagyna gitdi. Ýolda onuň köwşüniň ýüpi çözülip, ýere süýrendi. Dogany oňa: — Hany saklanaly. Saňa ýüpüňi daňmak gerek — diýdi. Oraz öýkeledi: — Özüňe seret! Çagalar bagynyň gapysyna baryp ýetende, dogany Oraza ýene bir zat diýdi: — Terbiýeçä salam bermegi ýatdan çykarma, ýogsam, ýene bir bellik aýdarlar. Oraz öýkeledi: — Saňa näme? Saňa bellik etmeýärler-ä… Oraz gezelenç edende-de, nahar wagty stoluň başynda-da, ýatanda-da, hatda çagalar bagyndan öýüne gelende-de, uzakly gün hüňürdedi ýördi. Ol şeýdip, şol hüňürdedi ýördi, soň ulalyp, mekdebe gitdi. Günleriň birinde mugallymy Oraza: — Sen öý işini gaty erbet işläpsiň, ony täzeden etmeli bolar. Gaýrat et, bolýarmy? — diýdi. Oraz öýde arz etdi: — Men näme gaýrat edemokmy? Hemmeler bäşlige okap bilmez-ä! Sekizinji klasda zähmet sapagynda Oraz ýumşy ýerine ýetirdi, ýagny mekdebiň geýim asylýan şkafy üçin demir belgijik ýasady. Zähmet mugallymy oňa: — Getir, saňa oňaýly bolar ýaly, igäni nädip dogry tutmalydygyny görkezeýin — diýdi. Oraz öýkeledi: — Мaňa nähili tutanda oňaýly boljagyny, nädende oňaýsyz boljagyny özüm gowy bilýärin! Mugallym eginlerini gysdy: — Män-ä, sen öwrenmek isleýänsiň öýdüpdirin… Oraz uly adam boldy we özüniň gödekligini, oňşuksyzlygyny, kejirligini aýdyp ýazgarylmalary az eşitmedi. Oraz diňe elini silkýärdi. Bir gezek oňa ýygnakda duýdurdylar: — Oraz, adamlar bilen beýle gödek gepleşmeli däl. — Özüňden seresap bolsaň gowy bolar! — diýip, ol endigi boýunça jogap berdi. Вaşga bir gezek ondan: — Garry aýala kömek et. Ol seniň ýaşaýan jaýyňda ýaşaýar, ýygnaga özi gelip bilmeýär. Sen maşynda gelýärsiň, ony alyp gel — diýip haýyş etdiler. — Näme hemmäňiz maňa seredýärsiňiz? Garrylara özüňiz kömek ediň, bu ýerde meniň näme dahylym bar? Näme hemmäňiz maňa görkezme berýärsiňiz? — diýip, Oraz gaharlandy. — Biz-ä, sen öwrenmek isleýänsiň öýtdük… Bu gezek Oraz hiç hili jogap bermedi. Köp ýyllar hut şunuň ýaly sözleri aýdan zähmet mugallymy onuň ýadyna düşdi. Oraz öýüne gelip, dört sany kagyz aldy-da, olaryň hemmesiniň ýüzüne: «Näme üçin adamlar maňa duýdurýarlar?» — diýip ýazyp çykdy. Birinji kagyza ol: «Sebäbi hemmesi meni ýigrenýärler», ikinjisine: «Sebäbi meni gowy görýärler», üçünjisine: «Hemmesi maňa ýamanlyk isleýärler», dördünjisine: «Hemmesi maňa ýagşylyk isleýär» diýip ýazdy. Soň ol kagyzlaryň ýerlerini çalşyp, birini beýläk süýşürip, beýlekisini ýanyna çekip, olary uzak wagtlap öňünde saklap oturdy. Ýene bir azajyk pikirlenip oturanyndan soň, Oraz iki kagyzy epledi-de, hapa atylýan bedrä atdy. Ol özüniň göze görnüp duran ýalan diýip hasaplaýanlaryny bedrä atdy. Netijede onda iki sany çaklama galdy: «Sebäbi olar meni gowy görýärler. Sebäbi olar maňa ýagşylyk isleýärler». Oraz uludan dem aldy-da, öz-özüne: «Öýkelejek däl. Öwrenjek» — diýdi. Gaharjaň lukman Mergen atly oglanjyk ýaňagyny tutup, kakasynyň ýanyna aglap geldi: — Meniň dişim agyrýar. Kakasy biynjalyk boldy: — Diş lukmanyna gitmek gerek. Kakasy bilen ogly derrew taýýarlandylar-da, diş bejerýän saglyk öýüne gitdiler. Diş bejerýän lukman Mergeni örän mylakatly garşy aldy, ony kürsüde oturtdy we agzyny açmagy haýyş etdi. Mergen lukmanyň diýenlerini diýen edijilik bilen ýerine ýetirdi, lukman bolsa, Mergeniň agzyna seredip, mylaýymlyk bilen: — Seniň dişjagazlaryň nähili tekizje! Olar näçe sany? Bir, iki, üç… Otuz iki dişiň hemmesem bar! Berekella! Sen nähili tertipli hem gowy oglanjyk ekeniň! Mylakatlyja gürleşýärsiň… Hany, ýeriňden tur, Mergen, öýüňe gidiber. Sen akyllyja! — diýdi. Мergen diş lukmanynyň aýdan her bir sözüne şadyýan ýylgyryp, kürsüden begenip düşdi-de, otagdan şatlanyp çykdy. — Ýeri, oglum, nähili? — diýip, kakasy howsalaly sorady. — Şeýle gowy diş lukmany! — diýip, Mergen jogap berdi —diýseň gowy! Maňa diňe gowy zatlary aýtdy! — Dişiň nähili? — diýip, kakasy sorady. — Waý, agyrýar… Kakasy Mergeniň elinden tutup, başga bir diş lukmanyna alyp gitdi. Mergen lukmanyň otagyna girip, kürsüde oturdy-da, agzyny açdy. — Nähili erbet kariýes! — diýip, diş lukmany gazaply aýtdy. Мergen öýkeledi: — Meniň otuz iki dişimiň hemmesem akja hem tekizje! — Onda-da, kariýes könelen hem ötüşen! — diýip, syrkawy eşitmeýän ýaly bolup, lukman sözüni dowam etdirdi. — Bejermeli we plomba goýmaly. — Gyrýarsyňyzammy? — diýip, Mergen gorkup sorady. — Gyrýaryn, — diýip, lukman aýgytly aýtdy. — Çüýrükleriň hemmesini aýyrmaly, soň hem plomba goýmaly. Мergen aglady: — Haýyş edýärin, haýyş edýärin… Men süýji zat iýjek däl, men ajy dermanlary içjek, ejem bilen kakama gulak asjak, ýöne dişimi gyrmaň! Lukman maňlaýyny gaharly çytdy: — Sen süýji zatlary iýýärsiň, sen ajy dermanlary içmeli bolmarsyň, ejeň bilen kakaňa bolsa, elbetde, men dişiňi bejerenimden soň, mydama gulak asarsyň. Вu wagtyň dowamynda kakasy Mergene koridorda garaşdy. Ol diş gyryjy apparatyň, demir gurallaryň, Mergeniň horkuldysynyň we gykylygynyň seslerini eşidip oturdy. Ahyrsoňy ses ümsüm boldy-da, diş lukmanyň otagyndan Mergen çykdy. — Ýeri, oglum, nähili? — diýip, biynjalyk bolup oturan kakasy sorady. Мergen jübüsinden süýji çykaryp, ony açdy-da, kagyzyny kakasyna berdi, süýjini bolsa, şol durşuna agzyna saldy. — Indi hiç haçan şu gaharjaň lukmanyň ýanyna gelmerin! — diýip, ogly aýtdy. — Meniň otuz iki dişimem tekiz we owadan, ol bolsa ýekeje kariýesi görüp, diňe şol hakda gürledi! — Dişiň nähili? — diýip, kakasy ýene bir gezek sorady. — Dişim agyranok. Ýöne bu lukmanyň ýanyna indi gelmeýärin! Dişimi arassalaryn, süýt içerin, dorog iýerin, iýenimden soň, agzymy çaýkaryn… Ýöne bu lukmanyň ýanyna gelmerin! Gün tertıbı Bir wagtlar bir işli adam ýaşapdyr. Ol janypkeş, işini wagtynda edýän, hemme zatda tertip-düzgüni bolanyny gowy görýän adam bolupdyr. Bu adamyň her güni minutma-minut ýazylgy bolupdyr: 7.00 — turmaly. 7.30 — garaža maşynyň yzyndan barmaly. 7.45 — ýol ugruna ogluny mekdebe eltmeli. 9.00 — iş güni başlanýar: dokumentleri barlamaly, jaň etmeli, duşuşyklar, obýekte gitmeli. 18.00 — iş gününiň soňy. 18.30 — öýüne gelmeli, ýeňiljek naharlanmaly. 19.00 — oglunyň eden öý işini barlamaly. 20.00 — aýaly hem ogly bilen basseýne barmaly. 22.00 — öýüne gaýdyp gelmeli. Poçta bilen işleşmeli, Internet. 23.30 — ýatmaly. Bu tertip-düzgünli adam günleriň birinde Hudaýyň barlygy, Onuň hemmeleriň we hemme zadyň Ýolbaşçysydygy we Oňa her gün doga-dileg etmelidigi hakda eşidýär. Işli adam özüniň gündelik gün tertibine diýseň çynlakaýlyk bilen seretdi. Gynansa-da, ol ýerde Hudaýa doga etmek üçin ýekeje-de boş minudy ýokdy. Onda ýeke-täk çykalga galypdy — gününi Reb Hudaýa doga etmekden başlamak üçin irden turmaklygy ýarym sagat öňe süýşürmelidi. Şeýdibem, gün tertibinde täze düzediş peýda boldy: 6.30 — turmaly, Hudaýa doga etmeli. Başda bu täze düzgüne öwrenişmek kyn boldy. Doga etmeklik onuň mydama netijelerini görýän we duýýan gündelik işleriniň hijisine-de asla meňzeş däldi. Muňa garamazdan, işi ýerine ýetiriji we bar zady wagtynda ediji adam her gününi Hudaýa doga etmekden başlaýardy, sebäbii bu onuň iş tertibinde ýazylgydy. Wagtyň geçmegi bilen bu işli adam özüne Hudaýdan kömek hem goldaw sorap edýän ertirki dogasynyň ýeterlik däldigini duýdy. Onda Hudaýa öz ýeten derejeleri hakda gürrüň berme we pese düşmelerinden arz etme islegi döredi. Işli adam özüniň iş tertibine seredip, ikinji gezegem Hudaýa doga etmek üçin wagt tapdy. Ol uklamaly wagtyny yza çekmeli boldy, indi ol öňküsinden ýarym sagat giç ýatyp başlady. Ýyllar geçdi. Onuň ogly ulaldy, şonuň üçin indi oňa oglunyň eden öý işlerini barlamak gerek bolmaýardy. Ep-esli ýyl geçeninden soň, bu işli adam saglyk ýagdaýy boýunça basseýne gidip bilmedi. Ýene birazajyk wagt geçeninden soň, firmanyň işi bilen onuň eýýäm ullakan bolan ogly meşgullanyp başlady. Ol duşuşyklary belleýärdi, gepleşikler geçirýärdi, obýektlere gidýärdi. Işli adam garrady, ol indi diňe dostlary bilen duşuşýardy, aýaly bilen agtyklarynyň ýanyna gidýärdi, tebigatda gezelenç edýärdi… Ýöne her günki iň şatlykly wagt bu ertir bilen agşamdy, ýagny gün tertibindäki düýpli üýtgeşmelere garamazdan, Hudaýa doga etmäge goýlan wagtdy. Günleriň birinde kakasyndan diňe bir firmany däl-de, eýsem, işini wagtynda etmekligi, jogapkärçiligi, tertip-düzgünliligi hem miras alardan örän işli adam wagtynyň ýetmezçilik edýäninden arz etdi. — Hany, maňa öz iş tertibiňi görkezsene, oglum, — diýip, kakasy sorady. Iş tertibiniň aňry ýany bilen hyryn-dykyndygynyň gürrüňinem etmeli däl. Kakasy ýylgyryp, mylaýymlyk bilen: — Oglum, ýene bir zady, Hudaýa doga etme wagtyny goş — diýdi. Çyrmaşyk Bugdaýyň tylla sümmülleri güýçden dolup, şiresini akdyrara gelip durdy. Olar uly däneleriň agramy astynda başlaryny egip, orlaryna garaşyp durdular. — Sümmüller düzüm-düzüm! — diýip, adamlar bugdaý meýdanlaryna buýsanç bilen seredýärdiler. Bugdaýyň edil düýbünde çyrmaşygyň ýazylyp ýatanyny bolsa, hiç kimem bilmedi. Ol atyzda nireden peýda bolduka? Çyrmaşyk bir sümmüliň ýanyna süýşüp bardy-da, oňa: — Siziň hemmäňize seredenimde gynanýaryn — diýdi. — Näme üçin? — diýip, sümmül sorady. — Siz bu ýerde ýagyş ýaganda-da, yssyda-da, düýbünden goragsyz bolup dursuňyz… Öz üstüňizde nähili agramy saklap dursuňyz! Gör, başyňyzy nädip sallap dursuňyz… Meniň size nebsim agyrýar, aýratynam, saňa. Sen beýlekiler ýaly däl. Gürleşmegi we diňlemegi oňarýarsyň. Seniň aladaňy edesim gelip, ýüregim ýarylyp barýar. Sümmül oňa gulak asyp, başyny gapdala has-da egdi. — Ynanaý, sen maňa doly bil baglap bilersiň. Men seniň daýanjyň bolaryn — diýip, çyrmaşyk ynandyryjy äheňde gürledi. Şu sözleri aýdanyndan soň, çyrmaşyk onuň baldagyna çyrmaşyp başlady. Ol çür depesine baryp ýetýänçä, bugdaýyň daşyndan aýlanyp-aýlanyp uzady. — Sen özüňe nähili ýeňil bolandygyny, indi başyňy ýokary tutup bilýäniňi duýýarsyňmy? — diýip, çyrmaşyk sorady. Sümmül, dogrudanam, gönelipdi we hemmelere ýokardan seredip bilýärdi. — Dogrudanam, men indi birhili eglip duramok-da, atyzdaky iň owadany bolup durun! — diýip, sümmül buýsanç bilen aýtdy. — Tüf, töweregimdäkiler nähili gözgyny bolup durlar, hemmesi başlaryny sallaýarlar… Olar görmeýän tokaýy, hiç haçan gözlerini galdyryp görüp bilmeýän bulutlary, bardygy hatda pikir hem etmeýän derýasy barada näme bilsinler… Bilýärsiňmi, — diýip, ol buýsanç bilen sözüni dowam etdi, — sen hakyky dost! Sensiz men hiç haçan töweregimdäki dünýä hakda hiç zadam bilmezdim. Çyrmaşyk jogap bermedi. Ol indi gürlemek islemeýärdi-de, diňe uklamak isleýärdi. Ol sergezdanlyk çekenden soň, ahyrsoňy özüne oňaýlyja ýer tapdy, indem bolsa, açgözlülik bilen sümmüliň kökünden bar çygy sorup alyp, gitdigiçe berkleşdi we güýçlendi. Çyrmaşyk ulaldy, şonuň üçin oňa eýýäm bu ýer dar boldy. Şonda ol eýýäm hiç kimden soraman, goňşy sümmüllere ýaýrap ugrady. Ine, sümmüliň öz baldagynyň haýran galdyryjy derejede gury hem port bolanyny gören güni hem gelip ýetdi. — Bu näme? — diýip, ol pyşyrdady-da, köp wagtdan soň aşaga birinji gezek seretdi. Ol özüni çyrmaşygyň saklaman, eýsem, özünden asylyp duranyny görüp gorkdy. — Waý, serediň, tutuş atyz aşak eglip dur, ýöne diňe ýekeje sümmül ýokary dikelip dur — diýip, onuň deňinden geçip barýanlaryň biri haýran galdy. — Men atyzda çyrmaşygyň peýda bolanyny eşitdim, — diýip, onuň ýoldaşy düşündirdi. — Munuň ýaly bela nireden geldikä? — diýip, adamlar gynandylar. Ýokary dikelip duran sümmüli birinji bolup gören adam onuň ýanyna gelip, çyrmaşygy düýbünden gopardy. Sümmüller biri-birlerine degip, şadyýan yrandylar — olar oraga garaşdylar. Başarnyksyz adam Açyk güneşli gün we arassa asman, şenbe gününde gowuja dynç almak üçin başga näme gerek? Jaýyň girelgesinden iki adam çykdy. — Sen nirä? — diýip, olaryň biri sorady. — Ýygnaga, çagalar ýygnanyşygyna, — diýen jogap berildi. — Şunuň ýaly howadamy? Seniň başarnyksyz adamdygyňy! Men-ä futbola barýaryn, batyr hem çalasyn bolaryn! Ýagyş. Suw jaýlaryň üçeklerinden akýar we agaçlaryň ýalaňaç şahalaryndan damýar. Şol iki adam jaýyň girelgesinden çykdylar. — Sen nirä? — diýip, biri sorady. — Ýygnakdaky horuň taýýarlygyna — diýen jogap boldy. — Şunuň ýaly howadamy? Seniň başarnyksyzdygyňy! Men-ä, diskoteka — döwrebap hem moda laýyk bolaryn! Gyşyň aýazly güni. Ýene-de iki adam jaýyň girelgesinden çykýar. — Sen nirä? — diýip, biri soraýar. — Ýygnaga. Bu gün ýekşenbe. — Şunuň ýaly aýazdamy? Seniň başarnyksyzdygyňy! Men garda typýan zatda typjak — taplanan hem sagdyn bolaryn! Köp ýyllar geçdi. Howanyň gowuja gününde, jaýyň girelgesinden iki sany garry adam çykyp, oturgyja çenli zordan gyrmyldaşyp bardylar-da, bileje oturdylar. — Ah, garradym-da, hiç kime gerek däl boldum… Ömür tiz geçip gitdi — diýip, biri pyşyrdady. — Futbol oýnanda birinji oýunçy bolanym, diskotekada birinji tansçy bolanym, garda typylýan zatda hemmelerden gowy bolanym ýadyma düşýär… Pikirlenip bir gör, hiç kime gerek däl boldum, şeýle-de bolsa ýatlara zat bar. Sen ýaly däl! Sen-ä, bir başarnyksyz! — Näme üçin? Mende-de ýatlara zat bar. Ýygnagyň çagalar ýygnanyşygynda maňa Hudaýyň meni söýýändigini aýdanlary ýadyma düşýär. Ýygnagyň horunda aýdym aýdanym ýadyma düşýär. Ajaýyp wagyzlaryň bolany ýadyma düşýär, şolaryň birinde Hudaýyň meni hiç haçan terk etmejekdigi, daşky adamymyzyň garrajakdygy, içki adamymyzyň bolsa, täzelenjekdigi, meniň üçin gökde jaýyň we çüýremejek mirasyň taýýardygy aýdylypdy. Hawa, hemmesini ýatlajak bolsam, wagt ýetmeýär — diýen jogap boldy. Olar oturgyçda şeýle gürrüň edip otyrkalar, ýanlarynda bir maşyn saklandy. — Seret, kimdir biriniň yzyndan maşyn geldi — diýip, olaryň biri gussaly dem aldy. — Ol meniň yzymdan geldi. Bu gün ýekşenbe, ýygnaga gitmeli wagt boldy. Mensiz ýygnanyşyk bolarmy? — diýip, beýlekisi ýylgyrdy. Gybatlar Leýla çagalar bagynda surat reňkledi. Onuň ýanyna Sapar ylgap gelip, elinden galamyny kakyp aldy-da: — Arçanyň aşagyndaky kömelegi açygrak reňkde etmeli! — diýdi. — Bu meniň reňklenilýän kitabym! — diýip, Leýla öýkeli gygyrdy-da, terbiýeçisini çagyrdy: — Маral Nazarowna, Sapar maňa päsgel berýär! Sapar Alty atly bir oglanjygyň ýanyna baryp: — Leýla erbet gerek? — diýdi. — Özem gysganç, — diýip, Alty razylaşdy, — üstesine-de şugulçylyk edýär. Sapar bilen Alty bilelikde Begenje ýüzlendiler: — Bilýärsiňmi, Leýla gysganç, erbet hem şugulçylyk edýär — diýip, olar ony aýagaldygyna ynandyrjak boldular. — Şeýlemi? — diýip, Begenç haýran galdy. — Men-ä, bilmändirinem. Ol meni öz doglan gününe çagyrdy. Näme etmeli? — O nähili näme etmeli? Barma! Leýla suraty reňkläp boldy. Onuň jorasy Keýik surata seredip: — Waý, nähili owadan bolupdyr! — diýdi. — Sowgat bereýinmi? — diýip, begenen Leýla sorady. — Elbetde, ber! Leýla öz suratyny Keýige sowgat berdi, ol hem oňa: — Men tans etmegi öwrenýärin. Häzir sapaklarda men wals tansyny öwrenýärin — diýip habar berdi. — Nähili gowy! Menem tans etmegi öwrenmek isleýärin — diýip, Leýla aýtdy. Otagyň beýleki burçunda Sapar, Alty we Begenç dagy gyzjagazlara şübhe bilen seredip otyrdylar. — Leýla Keýige biz hakda ýene bir erbet zat aýdýar — diýip, Begenç aýtdy. — Elbetde, olar gybatçy ahyry — diýip, Sapar hüňürdedi. Вu zatlaryň hemmesini Maral Nazarowna diňläp otyrdy. Ol oglanjyklaryň ýanyna gelip, olara diýseň çyny bilen şeýle diýdi: — Gowy adamlar mydama-da gürrüňdeşlik üçin gowuja tema tapýarlar, erbetler bolsa, diňe başgalar hakda erbet zatlary aýdyp bilýärler. Men siziň gürrüňiňizi diňledim, şonuň üçin size gowy diýip biljek däl. Sapar gyzdy: — Onda näme üçin Leýla, şeýle erbet gyz, maňa gygyryp başlady? Kömelek has owadan bolar ýaly, men oňa kömek etmek isledim! — Näme üçin Leýla şugulçylyk edýär? — diýip, Begenç onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Näme üçin Leýla — gysganç? Ol Keýik bilen biziň gybatymyzy edýär? — diýip, Alty gaharlandy. Şu pursatda terbiýeçiniň we oglanjyklaryň ýanyna Keýik bilen Leýla geldi. — Маral Nazarowna, Keýik wals tansyny etmegi öwrenýär. Ol şu wagtjyk maňa şol hakda gürrüň berdi — diýip, Leýla aýtdy. — Öwünjeň! — diýip, Alty hüňürdedi. Вegenç birden dostlarynyň ýanyndan aýryldy-da, Leýladan: — Seniň doglan günüňe näçede barmaly? — diýip sorady. Başdan geçırme Kerim Didarlara myhmançylyga baranda, onuň kitap okap oturanyny görýär. — Näme okaýarsyň? — diýip, Kerim ondan soraýar. — Dеtektiw, — Didar başyny galdyryp, Kerime uçganaklap duran gözleri bilen seredýär. — Bu ýerde öwrülişikler, başdan geçirmeler, şeýle supergahryman bar — diýip, ol özünde galan täsirleri paýlaşyp başlady. — Şonuň ýaly adamlar hakda ýazýarlar! Olar ejizlere kömek edýärler, dostlaryna ikilik etmeýärler, hakykaty aýtmakdan gorkmaýarlar! Nähili gowy! Кerim kitap tekjäniň ýanyna bardy-da, ol ýerdäki örülip goýlan kitaplara göz aýlap: — Seniň uly kitaphanaň bar — diýdi. — Hawa, men olaryň hemmesini diýen ýaly okap çykdym. Sen köp kitap okaýarsyňmy? — Her gün okamaga çalyşýaryn, — diýip, Kerim jogap berdi. — Ýeri, sen näme okadyň? — diýip, Didar gyzyklanyp sorady. — Mukaddes Kitaby. Didar güldi: — Aý, senem-ä! Men gyzykly kitaplary okaýaryn, olarda şeýle wakalar ýazylypdyr! Olary iň meşhur awtorlar ýazypdyr. Sen diňe bir Mukaddes Kitaby okadyňmy? — Diňe ony däl. Men Mukaddes Kitapdan başga-da, edil sen ýaly, köp zat okadym, ýöne her gezek diňe bu kitaba gaýdyp gelmek isleýärin. Ondaky hemme zatlar hakyky. Oýlanylyp tapylmadyk — diýip, Kerim aýtdy. — Başdan geçirmeler barmy? — Başdan geçirmelerem bar. Ýöne olar wagt geçirmek üçin däl-de, manyly. — Ol nähili manyly? — Mukaddes Kitapdaky başdan geçirmeleriň hemmesi adamlary gyzyklandyrmak üçin däl-de, olary halas etmek üçin ýazylypdyr. Ol ýerde — söýgi we betbagtçylyklar hakdaky, şatlyk hem gözýaşlar hakdaky, başdan geçirmeler hakdaky ýazylan zatlaryň hemmesiniň awtory Hudaýyň Özi ahyry! Hemme zady Ol ýaratdy, şonuň üçin hem adama hakykatdan nämäniň gerekdigini diňe Ol bilýär. — Ýöne Mukaddes Kitap köne kitap ahyry. Eger diňe ony okasaň, onda ösüşden yza galýarsyň! — diýip, Didar şübhesini bildirdi. Bu ýerde indi Kerim güldi: — Mukaddes Kitap, elbetde, köne kitap, ol gadym wagtlardan bäri adam üçin wajyp bolan zatlaryň we asyrlaryň ahyryna çenli iň wajyplygyna we esasylygyna galjak zatlaryň hemmesini saklapdyr. Ine, näme üçin Mukaddes Kitap iň ösüşli kitap eken! Bu sözlerden soň Didar ýuwaşady-da, pikire batyp: — Eger meniň Mukaddes Kitaby okap başlanymy bilseler, hemmeler meniň üstümden gülerler. — Sen «hemmelerden» gorkmagy nireden öwrendiň? Adamy nämäniň halas edýänini, şol sanda gorkudan hem saplaýanyny bilýärsiňmi? Hudaýdan gorkmaklyk! Eger Hudaýdan gorkmaň bar bolsa, onda sen adamlaryň özüň hakda aýtjak zatlaryndan däl-de, Hudaýy gynandyrmakdan gorkarsyň. Hudaýdan gorkýan adam dönük bolmaz, ejizi gorar we hakykaty gürlär. Ol superadam bolmaýarmy eýsem? — Onda näme üçin kitaplarda Hudaýyň ýokdugyny ýazýarlar? — Bolgusyz kitaplarda ondan beterinem ýazarlar, olary okamak nämä gerek? — Ine, sen halas bolma hakda aýtdyň. Bize nämeden halas bolmak gerek? — diýip, Didar sorady. — Wagtlaýyn, geçip gidýän, kerep ýaly bolup, özüne çekýän we Hudaý bilen gatnaşykda bolmaga päsgel berýan zatlaryň hemmesinden. Ünsüňi sowup bolmaýan seniň detektiwleriň ýaly zatlardan halas bolmaly. — Boýun alýaryn, men Mukaddes Kitaby okamaga synanyşdym, ýöne ol ýerde gyzykly zat tapmazlyk bilen çäklenmän, eýsem, köp zatlara düşünmedimem… — Sen meniň ýanyma gel, bile okarys — diýip, Kerim gitjek bolup durka teklip etdi. — Hökman bararyn. Görsene, maňa-da başdan geçirmelere düşmek başartdy — diýip, Didar güldi. — Nähili başdan geçirme? — diýip, Kerim haýran galma bilen sorady. — Наkyky. Sen meniň öýüme geldiň, menem, kitaplarda ýazylýan durmuş hakda däl-de, öz durmuşym hakda pikirlenip başladym. Köprı Haýsydyr bir patyşalykda, haýsydyr bir ýurtda şöhratly patyşa ýaşapdyr. Ol sahy, rehimdar hem batyr bolupdyr. Onuň patyşalygy tükeniksiz uzaklyklara ýaýylyp gidipdir. Şöhratly patyşanyň halky hemme zady bolelin bolany üçin gurply hem kanagatlanma bilen ýaşapdyr. Olar mata dokapdyrlar, lybaslar tikipdirler, atyzlardan we baglardan bol hasyl ýygnapdyrlar. Patyşa bolsa, öz raýatlaryna patyşanyň örülerinde bakylýan goýunlaryň ýüňünden edilen ýyly geýimleri sowgat beripdir. Ol goýunlaryň ýüňleri mymyjak hem edil bulut ýaly, ak bolupdyr. Patyşa näçe şadyýan hem asuda bolsa, onuň ýüňdaraklaryň ýanyna baryp, öz ýüňlerini özleri daraýan goýunlarynyň ýüňi hem mymyk bolupdyr. Hawa, hawa, şol gural şeýle hem — «ýüňdarak» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýurduň ýaşaýjylary diňe bir özleriniň geýimlerini täzelejek bolanlarynda däl-de, eýsem, özüniň barlygy, şeýle rehimdar we hemmelere gowy düşünýändigi üçin ýöne bir minnetdarlyk bildirmek üçin hem gelýärdiler. Patyşalykdaky bagtly durmuş tükeniksiz dowam ederdi, ýöne günleriň birinde uzakdaky Kölegeler patyşalygyndan patyşa mydama göripçilik edip ýören erbet aždarha uçup geldi. Ol patyşany hemmeleriň şeýle gowy görýändikleri we onuň şeýle gowy semiz, mymyjak ýüňli goýunlarynyň bardygy üçin oňa göripçilik edýärdi. Aždarha goýunlary patyşalygyň ýaşaýjylaryna bermegi talap etdi. Goý, olar goýunlary iýsinler, şonda ýüň geýim olaryň içinde bolar we ol ýerde hemişelik galar. Ony täzelemek gerek bolmaz we özleriniň saparlary bilen patyşany biynjalyk etmek gerek bolmaz. Aždarha patyşanyň goýunlary raýatlaryna bilgeşleýin paýlamaýandygyna, sebäbi olaryň öz ýanyna gelip, oňa guwanmaklaryny isleýändigine ynamlydy. Bu erbet hem görip aždarha şeýle pikir edýärdi. Ine, şonuň üçin hem oňa «aždarha» diýilýärdi. Ýöne patyşalygyň ýaşaýjylary aždarhany gynandyryp, goýunlaryň özlerine paýlanylmagyny asla islemediler. Olar patyşa bilen gürrüňdeş bolma mümkinçiliginiň bolanyna begenýärdiler, onuň sowgat eden goýun ýüňüni bolsa, patyşanyň öz raýatlaryna bolan söýgüsiniň şaýatlygynyň subutnamasy hökmünde kabul edýärdiler. Şonda Kölegeler patyşalygyndaky erbet aždarha ýene bir gezek uçup geldi-de, otly demi bilen üfledi welin, äpet uçut patyşalygy iki bölege böldi. Bir bölekde patyşanyň raýatlary, beýlekisinde bolsa, patyşa bilen nökerleri ýaşapdyr. Bu uçut hem iň çuň ýerden çogup çykan bulançak suwdan dolupdyr. Şonuň üçin indi adamlar patyşanyň ýanyna gelip bilmändirler, patyşa hem adamlar bilen gürleşip bilmändir. Aždarha ikä bölünen patyşalygyň üstünde uçup gülüp ýörüpdir. — Patyşasyz ýaşamagy öwreniň! — diýip, ol öňki raýatlara gygyrypdyr. — Özüňize başga şatlygy oýlap tapyň! Patyşanyň öňki raýatlary özlerinde asudalykda we bagtly ýaşan wagtyndan galan geýimleriň hasabyna ýaşadylar. Goýunlar ak bulut kimin ýüňlerini daramagy bes etdiler. Bu bolsa, patyşany diýseň gynandyrdy, ýöne ol munuň bilen ylalaşyp oturmady-da, raýatlary bilen kesilen gatnaşyklary dikeltmäge mümkinçilik berýän meýilnamany oýlap tapdy. Bu meýilnama köpri gurmakda jemlenendi. Ine, poçta getirýän kepderi bir gezek adamlara halas bolmanyň takyk meýilnamasyny we köpriniň taslamasyny getirip berdi. Iş başlandy. Bu ägirt uly proýekte diňe gowy taýýarlygy bolanlar, edermenler, wepalylar, diňe saýlanylanlar gatnaşyp bildiler. Köpriniň gurluşygyna girip bilmedik raýatlar bolsa, onda zähmet çekýänlere özleriniň bulut kimin ak geýimlerini berdiler. Bu iş hapa işdi: adamlar troslary berkidýärdiler, pürsleri kakyp ýere girizýärdiler, diregleriň aşagyna çukur gazýardylar. Her gezekki iş çalşygyndan soň, hapaňy uzak wagtlap ýuwmaly we arassalanmaly bolýardy. Gorkak bolmadyk adamlaryň bu toparyndan iň gaýduwsyzlaryny saýladylar. Olar gaýyklarda beýleki kenara gurluşyk işlerini geçirmek üçin geçýärdiler. Olaryň köpüsi öldi, ýöne gaýdyp gelenleri hoş habarlary getirip, patyşanyň özünden eşiden zatlaryny gürrüň berýärdiler. Ýyllar geçdi, raýatlar köpri gurmagy dowam etdirdiler. Ine-de, çuň uçudyň düýbüne pürsleri goýmaly wagty hem gelip ýetdi. Bu howply işi ýerine ýetirmekligi patyşa öz üstüne aldy. Ol uçudy dolduryp duran ýürek bulandyryjy ysyna bolan ýigrenji batyrlyk bilen ýeňip geçdi-de, onuň düýbüne düşdi. Ol bu ýerde aždarhanyň erbet hyzmatkärlerine duş geldi. Olar patyşanyň üstüne hüjüm etdiler we üstünden güldüler. Ýöne hiç zat patyşa päsgel berip bilmedi. Ol uçudyň düýbüne näme etmek üçin düşen bolsa, şony hem etdi: pürsleri berkitdi, ýöne garaňky kerep ony ýuwdup bilmedi. Patyşanyň gaýdyp gelerine gorky bilen garaşyp duran köpri gurujylar onuň diri hem-de sagdyndygyny görenlerinde, begenmekden ýaňa özleriniň düşen agyr günlerini ýatdan çykardylar. Olaryň güýçleri artdy. Olar has-da yhlaslylyk bilen işe başladylar. Ahyrsoňy köpri guruldy, onuň açylyşy patyşalygyň taryhyndaky iň meşhur waka boldy. Indi adamlar bulut ýaly ak ýüňden edilen eşikleri almak üçin patyşanyň ýanyna gelýärdiler we olary onuň öz elinden alýardylar. Täze köprüden kimiň ilki bolup geçip gelenini bilýärsiňizmi? Eşikleri aşa könelen we hapadan-da gara tegmillenen adam geldi. Ol daşky keşbine seredende, hakykatdan hem baryp ýatan talaňça meňzeýärdi, gaharjaňdy we zalymdy. Köprüden geçip gelýänleriň akymy bes edilmedi. Diňe bir sal-sal geýimli gedaý geýnüwli adamlaryň sowgatlar bilen patyşanyň ýanyna gidişlerini synlap, belli bir karara gelip bilmän durdy. — Seni näme saklaýar? — diýip, geçip barýanlaryň biri ondan sorady. Gedaý jogap bermedi-de, diňe: — Maňa patyşa hakda gürrüň bersene — diýip haýyş etdi. Birnäçe gün geçenden soň, ýolagçy yzyna gaýdyp gelýärkä, köpriniň ýanynda şol gedaýy ýene gördi. — Bilýärsiňmi, mende seniň üçin gowy habar bar: patyşa seniň hasratyňy we garyplygyňy bilýändigini aýtmagy maňa tabşyrdy. Gedaý muňa begenip, şatlyk bilen köprä gadam basdy. Оl köpriniň ortasyna baryp ýetmänkä, arka tarapynda göçgünli sesleri eşitdi. Onuň yzyndan gaýrat bilen ýöräp gelýän ýaş ýigit ýetdi-de: — Görüp otursam, patyşanyň ýanyna hapa görnüşde-de, boş elleriň bilen hem baryp bolýan eken — diýdi. Şu pursatda ýigit gedaýyň deňine ýetdi-de, ondan ozup geçmekçi boldy, ýöne olaryň ikisiniň hem öňünden patyşanyň iki sany ýasawuly çykdy. — Siz baýramçylyk lybasyny geýmän, patyşanyň ýanyna barmaga nädip het edip bildiňiz? — diýýän ýasawulyň sesi ýaňlandy. Sal-sal geýnen gedaý gaýgylanyp, köpriniň üstünden ylgap düşmek üçin yzyna öwrüldi, ýöne ol yzynda bir ses eşitdi: — Dur, hasratly hem garyp düşen adam, saňa patyşa garaşýar. Ol seniň agyryňy we garyplygyňy bilýär. Ine, bu özüne başgaça at berýäni bolsa, biz yzyna iberýäris. Şeýdip, ýaş ýigidi yzyna iberdiler, gedaý bolsa, köpriniň üstünden geçip, beýik ak basgançakdan ýokary galyp, patyşanyň tagtynyň öňüne bardy we baş egip, patyşa: — Men seniň ýanyňa uzaklardan geldim. Tupanlardan, sillerden we Günüň ýakyp barýan yssysyndan geçdim. Meniň eşiklerimiň sal-saldygy we tegmillidigi üçin bagyşla, ýöne meniň bar zadym şudur. — Men saňa garaşdym, ine saňa täze geýim — diýip, patyşa aýtdy. Şeýdip, patyşa ýadaw ýolagça ýyljajyk bulut ýaly ak mymyjak geýim berdi. Aýaz baba Täze ýyl gijesi bir kiçijik şäherjigiň çagalary ýatmadylar. Olar Aýaz baba garaşdylar. Her bir çaga onuň sowgat getirip, arçanyň aşagyna goýşuny görmek isleýärdi. Elbetde, Aýaz baba muny gaty gowy bilýärdi. Ol kiçijek mekirlik etmeli boldy: ol birnäçe jadyly söz aýdyp, azajyk wagtlyk kiçijek boldy. Aýaz baba özüniň üç sany ata goşulan atarabasynda şähere çalt gelip, gelenini hiç kim bilmänkä, jadyly sözleri aýtdy-da kiçeldi. Onuň atlary-da, atarabasy-da, sowgatly haltasy-da kiçeldi. Onuň özi şeýle bir kiçi boldy welin, hatda gysga boýly çagalaram ony kynlyk bilen görüp bilýärdiler. Şonuň üçin ol bir jaýyň açyk duran äpişgesine batyrlyk bilen uçup girdi-de, atlaryny aýnanyň öňünde saklady we atarabadan düşdi. Kiçijik bolsa-da, örän köp zat sygýan haltasyny dörüşdirdi-de, ol gerek zady tapdy. Soň ol ony arçanyň aşagyna goýmaga taýýar boldy, ýöne şol wagt… Aýaz baba arçanyň aşagyndan özüne it hüjüm eder diýip pikir edipdimi? Elbetde, ol gaty gorkdy, elinden sowgadyny gaçyrdy we yzyna atarabasynyň ýanyna ylgap bardy. Bu sese oglanjyk oýandy-da, krowadyndan böküp düşdi, çyrany ýakdy. Otagda hiç kim ýokdy. Oglanjyk gaharlanyp, aýaklaryny tapyrdatdy: — Wah, görsene, Aýaz babanyň gelenini duýduryp üýrer ýaly, iti arçanyň aşagynda ýörite oturdyp goýupdym. Ony şeýle göresim gelýärdi… Gorkan Aýaz baba gaýgy bilen sowgatlary bellenilen ýerlere ýarymyny paýlady-da, öýüne gitmekçi bolup başlady. Şonda ol bolmalysy ýaly, öňki boýuny gaýtaryp getirmek isläp, jadyly sözleri tersine gaýtalady, ýöne ol kiçiligine galdy. Görüp otursak, it ony örän gorkuzypdyr welin, ol sakawlap hem başlapdyr, şeýdibem, jadyly sözler ýoýulyp gowy aýdylmady. Aýaz baba aljyrady. Indi näme bolarka? Ertir irden çagalar oýanarlar-da, arçanyň aşagyndaky sowgatlary görmezler. Sowgatlaryň uly bolmagy üçin Aýaz babanyň öňki boýunyň bolmagy gerek. Daň atyp, çagalar oýanyp başladylar. Bir oglanjyk arçanyň ýanyna baranda, onuň aşagyndaky sowgady görmän aglady: — Мaňa Aýaz baba sowgat getirmändir! Munuň sebäbi meniň bedenterbiýeden ikilik alanym üçindir. Başga bir oglanjyk hem oýanyp, arçanyň ýanyna bardy-da, gaharlandy: — Meniň sowgadym nirede? Aýaz baba nirede? Ol näme, öz borjuny bilenokmyka? Ýene bir oglanjyk oýandy-da, arçanyň astyna seretdi, soň tekepbirlik bilen: — Geregem däl, men islän zatlarymyň hemmesini özüm satyn alaryn! — diýdi. Bir gyzjagaz oýanyp, arçanyň ýanyna ylgap bardy. Ol sowgady görmän, gorky bilen: — Görgüli Aýaz baba! Ol bir betbagtçylyga uçrandyr… Täze ýyl gelenden soň, bu şäheriň çagalary gündiz iň uly arçanyň dikilen ýeri bolan merkezi meýdançada ýygnanyşdylar. Ol ýerde olar şatlandylar, aýdym aýtdylar we oýnadylar, Aýaz babadan alan sowgatlaryna ýapyşdylar. Olaryň bu gezek aýdan zatlaryny göz öňüne getirip bilýärsiňizmi? Olaryň haýran galmasy, gaharlanmasy we ýigrenji nähili boldy?.. Görgüli Aýaz baba bu wagt edil iň uly arçanyň aşagynda ýuwaşja otyrdy. Onuň atlary bir ýerde durmakdan ýadap, bir aýagyndan beýleki aýagyna daýanmakçy bolanlarynda, boýuntyrykdaky jaňjagaz jyňňyrdady. Çagalar bu jyňňyrdyny eşitdiler-de, arçanyň astyna seretdiler. Oglanjyklaryň biri oýnawaç ataraba bilen oýnawaç atlary eline alyp: — Serediň, kiçijik atarabada Aýaz baba bar! Onuň haltasynda sowgatlar barmyka? — diýip, ol barmaklaryny Aýaz babanyň haltasyna sokdy. Başga bir oglanjyk Aýaz babanyň sakgalyndan çekdi-de: — Ol hakyky däl! Onuň sakgalam hakyky däl! — diýdi Ýene bir oglanjyk: — Geliň, ony yzyna arçanyň astyna goýalyň. Sowgatsyz ol bize nämä gerek? — diýdi. Diňe olaryň ýanynda duran gyzjagazyň oýnawaç Aýaz baba nebsi agyrdy: — Oglanlar, eger ol size gerek däl bolsa, onda ony men alsam bolýarmy? — Alyber, — diýip, Aýaz babanyň haltasyna elini sokan oglanjyk ylalaşdy. — Вarybir halta boş. Men barladym. Çagalaryň hemmesi öýli-öýüne gitdiler, sebäbi günortanlyk naharyny edinme wagty bolupdy. Gyzjagaz gorkudan ýaňa sandyrap duran Aýaz babany elinde seresaplyk bilen saklap durdy we ony nädip köşeşdirmelidiginiň pikirini edýärdi. — Gorkma, men seni öýe äkiderin. Meniň ejem seni-de, atlaryňyzy-da naharlar. Sen bizde näçe isleseň, şonça-da ýaşap bilersiň — diýip, ol aýtdy. Bu sözleri eşideninde, Aýaz baba köşeşdi we sakawlamasyny goýdy. Ol jadyly sözleri ýene gaýtalap başlady-da, ýene ulaldy. Onuň atlary bilen sowgatly haltasam ulaldy. Şu pursatda çagalaryň hakyky uly sowgatlary arçanyň astynda peýda boldy. Olar sowgatlaryny tapdylar-da, diýseň begendiler. Ýöne Aýaz baba gaýgylandy. Çagalara ondan diňe sowgat gerekmikä? Ine, ol şunuň pikirini etdi. Indiki Täze ýylda Aýaz baba çagalara ýene sowgatlar alyp gelýär, hemmesine: diýen edýänlere-de, etmeýänlere-de, gowy okaýanlara-da, onçakly gowy okamaýanlara-da. Hemme zat öňküligine galýar. Ýöne barybir bu şäherde bir adaty bolmadyk waka bolar. Tomusda duýdansyz ýagdaýda gar ýagar. Hemmeler ýer atmosferasyndaky nähilidir bir düşnüksiz täsin zat hakda gürrüň ederler. Adaty bolmadyk bu hadysanyň hakyky sebäbi diňe bir gowuja gyza mälim bolar. Tomusda onuň doglan gününe Aýaz baba özüniň üç sany at goşulan atarabasynda gyssagly gelip gider. Uzak wagtlyk gelmez, diňe sowgat bermek üçin geler. Ogul — Eje, daşarda aýlanyp gelsem bolýarmy? — diýip, Perhat sorady. — Bolýar, — diýip, ejesi jogap berdi. — Ýöne göni altyda, gaýrat et-de, çagalar bagyndan uýaňy hökman al. Perhat daşarda dostlary bilen futbol oýnady. Sagat altyda ol oglanlara: — Мeniň çagalar bagyndan uýamy almaly wagtym boldy — diýdi. Dostlary gygyryşdylar: — Gel, ýene bir sagatjyk oýnaly, azajyk soňrak alsaňam hiç zat bolasy ýok! Ýarym sagatdan soň Perhadyň ejesi howla çykyp, ogluny çagyrdy: — Perhat, sen näme, şu wagta çenli-de uýaňy almadyňmy? Indi meniň özüm onuň yzyndan gidýärin. Sen bolsa, sagat sekizde öýde bol. Öý işleriňi etmäge ýetişmeli. Perhat öýüne giç geldi. Öý işlerini etmäge, elbetde, ol ýetşimedi. Ertesi gün dostlary Perhada okuwdan soň kino gitmegi teklip etdiler. Perhat hem ejesinden rugsat sorady, ejesi hem: — Gidäý, oglum. Ýöne multfilme git. Men täze, ulularyň seredýän kinonyň çykanyny eşitdim, olara çagalar seretmeli däl. Perhat dostlary bilen kinoteatryň ýanynda duşuşdylar. Öňünden petek satyn almagy wada beren dosty: — Multfilme petek ýok eken. Ýörüň, täze filme gideliň. Aýtmaklaryna görä, ol gyzyklymyşyn! — diýdi. Perhat gynandy: — Maňa ejem ol filme seretmegi gadagan etdi. Dostlary gülüşdiler: — Ol bilmezem! Biläýende-de, ol düşüner, sebäbi ol enedir. Perhat gülüşýän dostlaryna seretdi-de, ejesini ýada saldy. Ejesi mydama ony owadan geýindirmäge we tagamlyja iýdirmäge çalyşýardy, Perhat syrkawlanda we gijelerine ýokary gyzgyn bilen oýananda, şeýle alada galýardy. Ol özüne ejesiniň kitap okap berenini ýada saldy… Bu dostlaryna gulak asar ýaly, olar onuň üçin ejesinden artyk näme etdi? Eger Perhat üşese ýa-da iýer ýaly zady bolmasa, olar gynanarlarmy? Perhat dostlarynyň ýüzlerine seretdi-de: — Ýok. Ejem bu filme seretmeli däl diýdi — diýip, çürt-kesik aýtdy. Ýedı san Gadym döwürlerde birnäçe ýyllap doglan gününi bellemeýän, şöhratly bir patyşa ýaşaýan eken. Oňa köp adamlar gulluk edip we hyzmat edip, munuň üçin baýraklaryny alýan ekenler. Olar wyždany boýunça işleýän ekenler, şonuň üçin mynasyp bolan haklarynam alýan ekenler. Ýöne patyşa ýyl geçdigiçe gaýgyly bolupdyr. Ol öz adamlarynyň baýrak üçin däl-de, ýöne bir, adaty adamlar ýaly, biri-birlerini söýmeklerini isläpdir. Patyşa mundan başga-da, özüniň hakyky dostunyň barmydygyny bilmek isläpdir. Ine, şonuň üçin ol bir gün: — Men öz raýatlarymyň hemmesiniň ýedi sanyň meniň üçin aýratyndygyny bilmeklerini isleýärin. Bu syryň jogabyny we onuň meniň üçin näme aňladýanyny bilen adam menden şu wagta çenli görlüp-eşidilmedik sowgady alar: şony bilene men öz ýüregimi berýärin. Isleg bildirýänleriň hemmesi öz pikirini aýdyp biler — diýip yglan etdi. Patyşanyň raýatlary güýçli tolgundylar-da, şobada çaklama gurup başladylar. Olaryň biri karton kagyzyň ýüzüne ýediniň suratyny çekip, oňa siňe seretdi. Beýlekisi sakgalyny sypalap, çuň pikirlenip: — Ýedi sana çuň ylmy derňew geçirmelimikä diýip pikir edýärin — diýdi. Kartonyň daşyna akyldarlaryň bir topary ýygnandy. Olar öz pikirlerini aýdyp başladylar: — Bu sanyň täsin şekili bar, birhili haça meňzeýär. — Hawa, bu şekil anyk şowlulygadyr… — Bu sanyň näme aýratynlygynyň bardygyny men eýýäm biläýdim öýdýärin! Jadynyň kanunyna laýyklykda, ony üçe-de, dörde-de bölüp, görlüp-eşidilmek güýji alyp bolýar! — Gaty gowy! Ýöne, dostlar, men üýtgeşik bir zat görýärin — ol başga bir zat! Serediň: eger ony başaşak etseň, iňlis dilindäki L harpyň basmaça görnüşindäki şekili bolýar! — Örän täsin! Ýöne meniň pikirimçe… — Biziň jedelimiz uzaga çekmedimi? — diýip, patyşa jedelleşýänleriň sözlerini böldi. — Indi bolsa, hemmäňizden dargamagy haýyş edýärin. — Rehimdar patyşa maňa bary-ýogy birnäçe söz aýtmaga rugsat berermikä? — diýip, tagtyň öňünde iň ýönekeý raýat kiçigöwünlilik bilen baş egdi. — Ýeri, aýdyber, ýöne uzaga çekme — diýip, gaýga batan patyşa aýtdy, sebäbi köşkdäki akyldarlaryň pikirleri oňa ýaramandy. — Мeniň pikirimçe, men muňa ynanýaryn diýen ýaly, biziň rehimdar patyşamyzyň ýedinji senede doglan güni bolýar. Şol gün baýramçylyk gurnamak üçin nämedir bir zat etmeklige men rugsat sorap bilerinmi? Patyşa gürläp durana seredip ýylgyrýar: — Ine, meniň tapmaçamyň jogaby. Ýedinji senäniň meniň üçin, dogrudanam, örän köp manysy bar. Ýedinji senede men doguldym, ýedinji senede ejem ene boldy, kakam bolsa, kaka bolany üçin özüni bagtly saýdy. Ýedinji senede ejem bilen kakamyň ene-atalary bagtly ene hem ata, mama hem baba boldular. Her ýyl baýramçylyk bolýardy, sebäbi bu günde meniň töweregime mähriban adamlarym ýygnanyşýardy. Gynansak-da, ol adamlar indi ýok, şol sebäpden hem baýramçylygam indi ýok. Ýöne bu ýyl baýramçylyk bolýar, baýramçylyk saçagam ýazylýar, şol saçagyň başynda meniň ýanymda hakyky dostum oturar. Sen oturarsyň — diýip, patyşa elini berip aýtdy. Awtobusda Awtobus duralgasynda bir garry aýal durdy. Awtobus geldi, ýöne onuň gapysy garrynyň gönüsinde durmady. Şonuň üçin garry gapa ýetmek üçin bir-iki ädim ätmeli boldy. — Gör, nähili erbet adam! Adamyň nirede duranyny görenokmyka? Ýolagça münmäge oňaýly bolar ýaly edip saklanmak oňa kynmyka? — diýip, ol awtobusa ýetip barşyna hüňürdedi. Аwtobus boş diýen ýalydy. Boş ýerem näçe diýseň bardy. Öňdäki ýerlerde iki oglan gyzykly gürrüň edip otyrdy. Deňlerinden geçýän inomarkalar olaryň ünsüni özlerine çekýärdi. Garry olaryň ýanyna golaýlap: — Şu ýerden gitseňiz bolýar-a. Görýärsiňizmi: «garrylar we maýyplar üçin» diýlip ýazylypdyr. Şonuň üçin garry aýala ýer beriň. Bu ýaşlarda garrylara hiç hili hormat galmandyr. Olara kim öwredýärkä? Gödekler, garagollar… Oglanlar ümsüm boldular-da, başga ýere baryp oturdylar. Awtobus duýdansyz peýda bolan garşydaşlygyň öňünde saklandy, garry hem öňe ýykylyp, tutawaja baryp uruldy. — Odun alyp barýarsyňmy? Nädip şunuň ýalylara sürüjiniň şahadatnamasyny berýärkäler? Galtaman, deýýus! Maňa zeper ýetirdi, men seni suda bererin! — diýip, garry şeýle bir gygyrdy welin, muňa ýolagçylaram gorkdy. Ýolagçylar çykalga süýşüp başladylar, ýöne bu duralgada hemmelere düşmek geregem däldi, ýöne munuň ýaly gykylykçy garry bilen bir awtobusda gitmegi kim islär? Iki oglan, inomarkalary gowy görýänler hem golaýdaky duralgada düşmekçi boldular. Ýöne galagopçy garry basgançakda olaryň yzyndan ýetdi-de, çykalgada uzak wagtlap durmaly däldigini aýdyp itip hem gygyryp başlady. Oglanlar garryny öňe geçirdiler. Awtobusdan hemmeler düşdüler, garry indi duralgada hüňňürdisini dowam etdirdi. Ýüreksiz adamlar hakda pikir edýän zatlarynyň hemmesini aýdyp bolanyndan soň, ol köp gatly jaýa tarap ugrady. Oglanlar ahyrsoňy uzakdan görnen awtobusa sessiz garaşyp durdular. Bu wagtda duralga ýene bir garry aýal zordan ýöräp geldi. Awtobusuň gapylary onuň deňinde durmady, şonuň üçin ol gapa tarap howlukdy. Gapa ýetende, ol oglanlary goýberdi-de: — Siz, ýaşlar, münüberiň, men bu ýerde uzak wagtlap ýokary galmaly bolýaryn. Sizi saklamak islämok — diýdi. Oglanlar biri-birine seretdiler-de, bilelikde: — Biz size kömek ederis! — diýdiler. — Wah, sag boluň, oglanjyklar — diýip, garry şatlykly aýtdy. — Siz nähili gowuja. Аwtobus ýerinden gozgandy-da, birden sakga saklandy. Garry elleri bilen tutawaçdan ýapyşdy. — Waý, bir zat bolaýdy öýdýärin — diýip, garry tolgundy, soň hem sürüjä ýüzlenip: — Sen nähili, oglum? Esasy zat, gynanma we tolgunma. Gör, şäherde maşynlar nähili köpelipdir. Şu wagt sürüjilere işlemek kyn bolýar — diýdi. Oglanlar gapa tarap howlukdylar, garry-da howlukdy. Gapynyň ýanynda olar duşuşdylar, garry gapynyň agzynda oglanlara ýol berdi-de: — Siz, oglanjyklar, ylgaň, men haýaljakdan düşýärin — diýdi. Oglanlar biri-birine seretdiler-de, ikisi-de bile: — Biz size kömek ederis! — diýdiler. Üçüsi awtobusdan bile düşdüler, soň garry olara: — Siz, oglanjyklar, nähili gowuja ekeniňiz! Goý, Hudaý size kömek etsin! — diýdi. Oglanlar ýygnak horunda aýdym aýtmak üçin taýýarlyk görmäge barýardylar. Olar horuň ýolbaşçysyna awtobusda duş gelen garrylary hakda gürrüň berdiler. — Ýahýanyň Hoş Habarynda Onuň, ýagny Isa Mesihiň, beýgelmelidigi, meniň, adamyň bolsa, peselmelidigi hakda aýdylan sözler bar — diýip, horuň ýolbaşçysy aýtdy. — Size duş gelen birinji garry, bolşuna görä, bütin ömrüne özi bilen meşgul bolan bolmaly, ikinjisi bolsa, Isa Mesih üçin şahsy giňişligi köpräk boşatmaga çalşan bolmaly, ýagny özüni kiçelden bolmaly. Siz nähili adamlaryň ýanynda bolmak isleýärsiňiz? — Içinde Mesih beýgelýän adamlar bilen! — diýip, oglanlar ynamly jogap berdiler. — Dogrudanam, diňe özi hakda pikir edýän we ýüreklerinde Mesih üçin ýer tapylmadyk adamlar bize ýarap duranok. Тоrt Uly baýramçylyga taýýarlyk görülýärdi. Maşgalanyň ejesi baýramçylyk saçagyň tagamnamasyny öňünden planlaşdyryp, iň gowy azyk önümlerini satyn aldy. Myhmanlar üçin tort garaşylmadyk sowgat bolmalydy. Ony taýýarlamak üçin mesge, gaýmak, wanilin, şetdaly, ananas, hatda likýor hem satyn alyndy. Ýatmazynyň öň ýanynda ejesi gyzyna: — Ertir meniň günüm nähili hysyrdyly bolar. Hemme işe ýetişsem bolýar — diýdi. Ertesi gün gyzy entek hemmeler uklap ýatyrkalar örän ir turdy. Ol ejesini begendirme kararyna geldi. Özbaşdak heýgenek, blinçik, miwe işdaçaryny we wanil hem likýor bilen çalnan gaýmak taýýarlady. Onuň ejesi oýandy-da, düşeginden galyp, ýuwundy we aşhana bardy. — Garaşylmadyk sowgat! — diýip, eli bilen bezelen stoluň üstüni görkezip duran bagtly gyzynyň şadyýan sesi ony garşy aldy. Ejesi oturgyçda oturdy-da, başyny yralady we uludan demini aldy. Ol ýylgyryp bilmedi, gyzynyň garaşylmadyk sowgady ony asla begendirmedi. — Onda näme, — diýip, ejesi aýtdy, — indi sen meniň bilen dükana gidersiň. Geýin. Ejesi bilen gyzy golaýdaky dükanlara aýlanmaly, birnäçe nobatlara durmaly boldular-da, öýe agyr azykly sumkalar göterip geldiler. Öýe geleninden soň ejesi: — Puly meniň pikir edenimden köp sowduk, şonuň üçin öňümizdäki hepdede men saňa mekdepde iýmäňe pul berip bilmeýärin — diýdi. — Eje, baýramçylyk bolýarmy? — Baýramçylyk bolýar, sen tortam iýýärsiň, täze azyk önümleri şonuň üçin satyn alyndy. Şadyýan baýramçylykdan soň, giç agşam, uklamazyndan öň gyzy Mukaddes Kitaby okady. Ejesi ýuwaşjadan gelip, diwanyň üstünde onuň ýanyna geçip oturdy. Şonda gyzy: — Ýere ýamanlyk nireden geldi? Adamlaryň hemmesem gowy bolmak isleýärler we öz ýollary bilen ýagşylyga tarap ymtylýarlar — diýdi. Ejesi ýadawlyk bilen ýylgyrdy-da: — Sen Erem bagy hakda okadyňmy? — Hawa. Ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajy hakda-da okadym. Şol agajy jennetde erbetlik bile goýmak Hudaýa nämä gerek bolduka? — Onda ýamanlyk ýokdy. — O nähili? — Ol ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajydy, ýöne ýagşylyk we ýamanlyk agajy däldi. Adam atanyň döwründen bäri gelýän zat: örän köp ýagdaýlarda ýamanlyk ýaly bolup görünýän zatlar, aslynda ýagşylyk bolýar, tersine, biziň ýagşylyk diýip hasaplaýan zadymyz — hakyky ýamanlyk bolaýýar. — Ah, ejejan, Adam ata Hudaýyň diýenini etmedik wagtynda, Оl nähili gynanandyr… — Akyllyja, şuňa düşündiň. — Ýöne barybir Adamyň näme üçin beýle edenine asla düşünip bilemok. — Özüniň özbaşdaklygyny görkezmek isländir. Şu sözleri aýdanda, ejesi gözlerini süzüp ýylgyrdy. Gyzy içini çekdi: — Meniň şu gün irden seniň tort üçin alan azyklaryňdan başga zat taýýarlanymdaky ýalymy? — Akyllyja, sen muňa düşündiň. Merdan we towşanlar Gün dogdy. Merdan ukusyny alyp ýerinden turdy-da ýuwundy, geýindi, gowuja ertirlik edindi, soň hem öz jaýynyň üçegine çykdy. Üçekden durup, Merdan goňşy jaýlara seretdi-de: — Entegem ýatyrlar. Men bolsa, eýýäm işe taýýar — diýdi. Merdan tommuk berýän guralyny alyp, bakjasy tarapa ugrady. Ýeriň içinde: «Meniň bakjam. Bu ýere hiç kim girmeli däl!» diýen ýazgy asylgy durdy. Kelemli keşde Merdan bakjaçy başjagazyň daşynda ýeri ýumşadyp başlady. Keş uludy, onda kän kelem ösüp durdy. Merdan päk ynsap bilen işledi. Birden ol öz bakjasyna bir towşanyň bildirmän girip barýanyny gördi. Towşan kelemiň ýanynda ösüp oturan şugundyryň biýarasynyň aňyrsynda gizlenip, seresaplyk bilen kelem başjagazlarynyň biriniň ýanyna golaýlaşdy. Merdan haýran galmadan ýaňa, hatda sakawlap hem başlady: — S-sen näme edýärsiň? S-sen nädip mu-ny…? Sen nädip het edip bildiň? Bu ýerde ýazgyjyk asylgy dur ahyry… Towşan göni ýazgynyň ýanynda yzky aýaklaryna galyp durdy-da, Merdan tarapa öwrüldi: — Aslynda men bu ýere seniň nähili gowudygyňy, bakjany nähili doly tertipde saklaýanyňy aýtmak üçin geldim. Merdan towşana uludan ýylgyryp seretdi. Towşan bolsa, ýallaklap sözüni dowam etdirdi: — Нiç kimiň gök önümleri seniňki ýaly ösenok. Anha, Sähediňkä bir sered-ä — diýip, towşan goňşy bakja tarap elini salgap goýberdi. — Sähetde diňe uzyn haşal otlar ösüp otyr, Begli bolsa, asla ýer depip hem bilenok. Ol ussahanada çekijini tarkyldatsa bolýar. Merdan towşanyň sözlerini diňläp durşuna, kellesini iki baka öwrüp, başgalaryň bakjasyna seretdi. Şol wagt towşan kelem başlarynyň birini döwdi, şonuň üçin ony çalasynlyk bilen arkasyna gizläp, tokaý tarapa ökjäni göterdi-de: — Bolýar, seni güýmemäýin — diýdi. Towşan gitdi. Merdan ýene ýeri ýumşadyp başlady. Ol birden bir düýp kelemiň ýykylyp ýatanyny, kelem başynyň bolsa ýokdugyny gördi. — Wah, ýalançy! — diýip, Merdan tolgundy. — Ol nädip het edip bildikä? Nähili ogry eken! Merdanyň eli işden sowady, şonuň üçin garbanmak üçin öýüne gitdi. Ol ýüregi gaýgyly bolup, garbandy, dynç aldy, soň hem, ilki Hudaýa doga edip, ýene bakja tarap ugrady: «Rebbim! Meni şol towşandan gora. Onuň nähili mekirdigini Sen bilýärsiň”. Merdan bakja dolanyp bardy-da, ýene ýeri ýumşadyp başlady. Ýadady, soň arkasyny ýazmak üçin dikeldi. Görse, towşan tokaýdan çykyp, bakja tarap ylgap gelýär. Merdan oňa gygyrdy: — Ýok bol! Towşan, edil sesi eşitmeýän ýaly bolup, Merdanyň ýanyna böküp geldi, yzky aýaklarynyň üstüne galyp durdy-da, arkaýynlyk bilen: — Men dok-la. Men seniň ýanyňa dostlarça, maslahat bilen geldim — diýdi. Merdan guralyny ýere goýup, seresaplyk bilen: — Ýeri? — diýdi. — Sen, ine, diňe kelem ekýärsiň, käşir ekmek gerek — diýip, towşan aýtdy. — Birden kelem hasyl bermese näme? Merdan teklip hakda pikir edip, gözlerini ýere dikdi, towşan bolsa, bir-iki sany kelem başyny döwüp aldy-da, olary öň aýaklarynda zordan göterip, arkasyna gizledi-de, tokaýa tarap gaçyp gitdi. — Bolýar, onda, zähmetkeş! — diýip, çal towşan onuň bilen hoşlaşdy. Merdan iki sany kelem başynyň ýitenini görüp, öňküden-de beter gynandy: — Ýeri, näme boldugy diýsene! Meniň bakjama nähili ogry gelýär-ä? Merdan aglap, Hudaýa doga-dileg etdi: «Rebbim! Meni zyýan çekmekden sakla, bu towşandan gora!» Ol aglap bolandan soň, ýene hatar aralaryny bejermegi dowam etdirdi. Bu wagt bakjanyň ortasyndaky asylgy ýazgynyň ýanynda bir däl-de, eýýäm iki towşan durdy. Olaryň hersiniň arkasynda bir goştorba bardy. Merdan bu iki towşany gördi-de, gaty gygyryp başlady: — Hany, gidiň şu ýerden! Utançsyz ogrular! — Sen näme, dostum, beýle gygyryberýärsiň? — diýip, myhmanlaryň biri haýran galdy. — Ine, men öz dostuma sen hakda köp gürrüň berdim, seniň nähili gowudygyňy, hoşgylawdygyňy aýtdym. Ol bolsa, seniň bilen tanyşdyrmagymy haýyş edip, maňa şol ýalbardy ýördi. Gel, oňa gowy adamy görkezeýin diýdim. Merden mylakatlylyk bilen uludan dem aldy-da: — Elbetde, gowy işleri etmäge çalyşýaryn… — diýdi. — Geliň, oturalyň — diýip, teklip etdi, — aýakda hakykat ýok. Ýagşylyk we rehimdarlyk hakda gürrüň edeliň. Bakjaçy araçäkde oturdy-da, ýakymly sözleri diňlemäge taýýarlandy. Bu wagt olaryň arkasyndaky towşan howlukman ullakan goştorbasyna kelem başlaryny salyp başlady. — Gowy adamlar az galdy — diýip, orator gürrüňi dowam etdi. — Ine, seniň goňşyň Annany alyp göreli. Göräýmäge janypkeş oglan, ýöne bakjaňa tikenli germew aýlamak nämä gerek? Sähet näme? Bakja däl-de, edil pälwanlaryň galasy ýaly, agaç haýat gurup goýupdyr. Begli hakda-ha, gürrüňem ýok, ol bakjasyny başyna goýberipdir, içinde diňe haşal otlar bar… Bolýar-da, bize çen boldy. Manyly gürrüňçilik üçin saňa sagbolsun aýdýaryn… Häzirlikçe, tizara görşeris — diýip, towşan dosty eýýäm tokaýa baryp ýetende aýtdy. Merdan eşiden zatlary hakda gürrüň edip, ýene birazajyk oturdy, soň hem eline guralyny aldy welin, şobada keşde bäş sany kelemiň kemdigini gördi. Ol şeýle ajy gözýaş döküp aglady welin, hatda agaç haýat kakan goňşusy Sähet hem onuň sesini eşitdi. Ol onuň sesini eşitdi-de, ýanyna çagyrdy: — Eý, Merdan, näme gam çekýärsiň? Merdan horkuldady: — Hudaý meniň dogalarymy eşidenok. Ol meni terk etdi. — Beýle asla bolup bilmez! — diýip, Sähet haýran galdy. — Şeýle-dä! Ondan meni towşandan goramagyny soraýaryn, soraýaryn… Ana, seret, ýene kelem döwlüpdir. Sähet goňşusynyň ýarymy boşap galan keşine seretdi-de: — Seniň özüň towşandan goranmak üçin näme etdiň? Merdan öýkeledi: — Munuň meniň bakjamdygy ýazylan ýazgy asylgy dur-a! Sähet başyny ýaýkady-da: — Nähili goraýan bolsaň, şonuň ýaly hem alarsyň — diýdi. Goňşusy gitdi, Merdan bolsa: «Hudaýym, maňa hiç kim kömek etmek islänok. Meni şol towşandan gora…». Акwarıum Вir ajaýyp akwariumda içindäki ýaşaýjylary üçin iň gowy şertler döredilipdir. Onuň düýbünde arassa daşlar ýatyrdy we balyklar üçin diýseň gowy gizlenilýän ýerler gurlupdy. Belli bir wagtda iýmit berilýärdi, suwy bolsa, enjamyň kömegi bilen mydama arassa howadan dolduryp durýardylar. Balyklar kesellemez ýaly, akwariumda mikroblary öldürýän dermanlyk ösümlik oturdylypdy. Balyklar bu ösümligiň ýanyna ýüzüp gelýärdiler-de, oňa arkalaryny süýkeýärdiler. Günleriň birinde bilesigeliji balyk dermanlyk ösümligiň tagamyny dadyp görmekçi bolýar. Ol ondan bir ýaprajygy dişläp alyp ýuwudýar welin, birden örän şatlanyp başlaýar. Şondan soň şadyýan balyk joralaryny çagyrdy, balyklaram süri bolup dermanlyk ösümligiň üstüne çozdular-da, ýaprak yzyna ýaprak üzüp iýdiler we şatlandylar. Ýöne olar uzak wagtlap şatlanmadylar, tizara balyklaryň arasynda dawa turdy. Olar biri-birini iýmitiň ýanyndan itip başladylar. Başagaýlykdan peýdalanan bir çalasyn balyk tutuş bir ýapragy ýolup alýar-da, onuň bilen öz öýüne siňip gidýär. Ol ýerde bu balyk awuny daşyň aşagynda ygtybarly gizleýär. Örän tiz wagtdan ol daşyň aşagynda gurçuklar peýda bolup başlaýar. Balyk gurçuklaryň birini iýmäge synanyşýar — bu oňa ýaraýar. Çalasyn balyk joralaryny öýüne myhmançylyga çagyrýar-da, olara gurçuk hödür edýär. Iýermen balyklar hödür edilen zatdan iýýärler-de, iýmiti öwýärler. Gurçuklar gutaranyndan soň, myhmanlar ýene bir zat ýokmuka diýip, töwereklerine seredýärler. Ýöne iýer ýaly zat tapmaýarlar-da, biri-birine topulyp dişleşip başlaýarlar. Bu çalasyn balygyň beýlekini ýuwutmagy bilen tamamlanýar. Şondan soň akwariumda ýaşamak howply bolýar. Balyklar biri-birini iýdiler. Bu wagt dermanlyk ösümlikden hiç zat galmandy, ol gurapdy diýen ýalydy we indi mikroblara garşy göreşmeýärdi. Gurçuklar köpelip, akwariumyň düýbüni tutdular, suwam bulançak hem porsy boldy. Balyklar keselläp hem ölüp başladylar. Diňe birnäçe balyk umumy dälilikden daşda durup, öz öýlerinden çykmadylar. Bir gezek akwariumyň eýesi tor halta alyp, özleriniň öýlerinde gizlenen balyklary tutdy-da, olary arassa suwly gaba ýerleşdirdi, galanlarynyň hemmesini keselleri bilen bilelikde döküp goýberdi. Akwariumy gowuja ýuwmaly, guratmaly, täze daşlary goýmaly we arassa suwdan doldurmaly boldy. Hemme zat taýýar bolandan soň, oňa gapdaky diýen ediji, asuda balyklar goýberildi. Ýene akwariumda şatlykly, bagtly durmuş başlandy. Balyklar bolsa, gitdigiçe köpeldi durdy. Bir gün akwariumyň eýesi balyklaryň biriniň dermanlyk otuň ýapragyny dişlänini gördi-de, şobada tor haltany alyp, şol balygy tutdy we ony zyňdy. — Ol nämeler edip otyr?! — diýip, bir haýran galan balyk aýtdy. — Nähili zalymlyk! Вaşga bir gün ätiýaçlyk saklaýan bir balyk daşjagazyň aşagyna azajyk iýmit gizledi. Akwariumyň eýesi muny görende, tor haltany alyp, şol balygy tutdy-da, ony akwariumdan çykaryp oklap goýberdi. — Нojaýynymyz gorkunç adam! — diýip, indi birnäçe balyk gaharlandy. — Ol kim üçin gorkunç? — diýip, iň açyk reňkli balyklaryň biri sorady. Onuň öňki akwarium ýok edilmezinden öňki gadym döwürlerde ýaşan altyn balykdygyny hemmeler bilýärdiler. Kimsi onuň sözlerine gulak asdylar, kimsi ony äsgermezçilik etdi. — Hojaýyn gorkunç, ýöne diňe diýen etmeýänler üçin gorkunç. Dogry hereket et, näme etmelidigini we näme etmeli däldigini bil, şonda hojaýyn seniň üçin gorkunç bolmaz — diýip, altyn balyk öz ogluna aýtdy. Gorkular Awtobus duralgasyna bir maşyn gelip saklandy-da, onuň äpişgesinden sürüji seretdi: — Daýanç! — diýip, ol duralgada duranlaryň birine gygyrdy. — Mün, alyp gideýin! — Nähili gowy, Kerim! — diýip, Daýanç maşynyň gapysyny ýapandan soň aýtdy. — Görýärin welin, sen sürüjilik şahadatnamasyny alypsyň? — Hawa, ahyrsoňy aldym. Muňa hatda özümem ynanamok. Daýanç uludan demini aldy-da: — Men-ä, hiç haçan sürüjilik şahadatnamasyny almaryn öýdýärin — diýdi. — Synanyşyp gördüňmi? — Bir-ä görüpdim. — Näme üçin alyp bilmediň? — Gorkýaryn. Birgiden gadagan ediji bellikler, birgiden görkezijiler bar welin, şolara seredip, nirä we näme üçin barýanymam bilemok. — Goýsana!— diýip, Kerim haýran galdy. — Beýle zadam bolýarmy? — Näçe diýseň bolýar! Ine, mysal üçin, men «Girmek gadagan» diýen belligi görýärin-de, gaty gorkýaryn. — Nämeden gorkýarsyň? — Мeniň göwnüme eýýäm düzgüni bozup, gadagan edilen ýere giren ýaly bolýar. Кerim güldi: — Ýöne aslynda sen girmediň ahyry! — Ýöne giren ýaly bolup görünýär. Belligi görsem, eýýäm düzgüni bozandyryn öýdýärin. Gadagan ediji bellikleriň hemmesi örän gorkunç, sebäbi düzgüni bozsaň, jeza çekýärsiň! Ýa-da, ine, ýene bir mysal: men göni gidip barýaryn, birden öňümden: «Öwrülmeli ýer» diýen belligi görýärin. Şonda men göni gitmeli bolsam-da, şol belgä seredip öwrülýärin. Кerim başyny ýaýkady: — Sen nähili pikir edýärsiň, bellikler näme üçin goýulýar? Seniň öýde oturmagyň üçinmi? Bellikler sen ruluň başyndakaň, tertip-düzgüniň bolmagy üçin goýlan. Käbir zatlarda men saňa düşünýärin. Maňa-da bir zatlar bolýar, ýöne başga bir tarapdan. Men Mukaddes Kitaby okanymda, derrew özümi günäkär saýýaryn ýa-da biziň temamyz boýunça aýtsak, özümi düzgüni bozujy ýaly görýärin. Mysal üçin, Rebbiň işini äsgermezlik bilen edýäniň näletlidigi aýdylýar. Bu sözleri okanymda, men gorkýaryn. Hatda nämedir bir zat etmekdenem gorkýaryn. — Nämeden gorkýarsyň? — bu gezek Daýanç haýran galdy. — Maňa belli bolşy ýaly, sen islendik işe çynyň bilen garaýarsyň! Dostunyň düşünmezekdigine gynanan Kerim: — Bu ýerde düşünmez ýaly näme bar? Еger aýdylan bolsa, diýmek, meniň üçin aýdylypdyr — diýdi. — Seniň şeýle etmezligiň üçin aýdylypdyr, hem-de berekella, sen şeýle edeňok. Кerim köşeşmedi: — Saňa nädip düşündirsemkäm? Ine, mysal üçin, men agaç ussasy bolmak isleýärin, Mukaddes Kitapda bolsa, men daýhançylyk bilen meşgullanan adam hakda okaýaryn. Şonda meniňem hemme zadymyň dogry bolmagy üçin daýhanyň ýoluny saýlamalydygym hakda pikir edip başlaýaryn. Gadagan edilmeleri okanymda, şeýle gaýgy edýärin. Daýanç bilen Kerim çatryk yzyna çatryk, swetofor yzyna swetofor geçip, esli wagtlap dymyp gitdiler. Ýolda kän belgiler bardy: käbirleri gadagan ediji, käbirleri hem bir zady duýdudyrjy belliklerdi. — Bilýärsiňmi, Kerim, biz ikimiz gürleşdik, menem belliklerden gorkmaz ýaly bolup, maşyn sürmegi öwrenme kararyna geldim — diýip, ahyrsoňy dosty aýtdy. — Men bolsa, Mukaddes Kitap sapaklaryna ýazyljak-da, gorkman ýaşar ýaly, Mukaddes Kitaby okamagy öwrenjek diýen karara geldim. Altyn ýürek Bir adam hakda gürrüň edenlerinde, onuň altyn ýüreginiň bardygyny aýtdylar. Ol sahy, gowy, mylakatly adam bolupdyr. Köpler mundan özleriniň bähbitleri üçin peýdalanypdyrlar. Isa Mesih muny görüp, altyn ýürekli adama bir gezek: — Aýalýan zatlaryň hemmesinden-de ýüregiňi aýa — diýýär. — Bolýar — diýip, ol jogap berýär. — Bu ýönekeý zat däldir — diýip, Isa Mesih duýdurdy. — Gowusy ýüregiňi Maňa ber. — Ýok — diýip, gowy adam ynamly jogap berdi. — Ony özümem saklaryn. Altyn ýürekli adam diňe bir gowy bolman, eýsem, akylly hem bolupdyr, şonuň üçin ol öz ýagşylygyndan mundan beýläk hiç kim peýdalanyp bilmez ýaly, adamlar bilen gatnaşmazlygy makul bildi. Şeýdip, birnäçe ýyl geçdi. Altyn ýürek ýekelikden diýseň hasrat çekdi. Bir gün altyn ýürekli adamyň ýaşaýan öýüniň gapysyny kakýarlar. — Кim bar? — diýip, ol soraýar. — Biz seniň goňşularyň, saňa şatlyk hem şadyýanlyk getirdik! Hojaýyn gapyny giňden açyp, myhmanlary sahylyk bilen garşy alýar. Şeýdip, onuň durmuşyna şadyýanlyk — tükeniksiz anekdotlar, gelşiksiz degişmeler, gije-gündiz iýip-içmeklik, gülküler, baýramçylyk hysyrdylar, ýazgarmalar we soňky gybatlary ýetirmeklik kürsäp girýär. Günleriň birinde altyn ýürekli adam şeýle bir ýadaýar welin, onda ýagşylyk etmäge we rehimdar bolmaga güýji galmaýar. Şeýdip, ol gaýgyly bolýar, munuň ýaly ýagdaýda ol hiç haçanam bolmandy. Ýene onuň gapysyny kakýarlar. — Кim bar? — diýip, hojaýyn gaharly soraýar. — Biz seniň dostlaryň, saňa asudalyk hem rahatlyk getirdik! Оl gapyny giňden açýar. Täze dostlary oňa hiç zadyň aladasyny nädip etmeli däldigini öwredýärler. Olar: «Erbet ýa-da gowy, sahy ýa-da gysganç, diri ýa-da öli bolanyň näme tapawudy bar?» diýýärler. «Dogrudanam, näme tapawudy bar?» diýip, altyn ýürekli adam ylalaşýar. Şol pursatda perwaýsyzlyk ony gurşap alýar, şeýdibem, ol zalym, hemme zada perwaýsyz we ünssüz bolýar. Ol öz töwereginde adalatsyzlyklary we betbagtçylyklary görýär, adamlaryň ejir çekişlerini we gynanyşlaryny görýär, ýöne bu hakda pikir etmek islemeýär. Örän tiz wagtdan ol töweregini gurşap alan dünýäniň zalymlygyna şeýle bir öwrenişýär-de, özi-de zalym, gürlemezek, öýkelek bolup, başgalaryň göwnüne degdi. Şonda oňa ýene Isa Mesih duş gelip: — Öz ýüregiňi Maňa ber — diýdi. — Ýüregim zaýa, indi hiç zada-da ýaramaýar — diýip, altyn ýürekli adam ýuwaşjadan aýtdy. — Şeýle-de bolsa, ýüregiňi Maňa ber — diýip, Isa Mesih haýyş etdi. — Al-da, meni bagyşla. Isa Mesih altyn ýürekli adamy ýaňy ýakynda-da, dostlary bilen gybatyny eden adamlarynyň ýanyna alyp barýar. Altyn ýüregi utanç bilen gynanç ýakara getirdi. Isa Mesih ony keselden we garyplykdan ejir çekýän adamlaryň deňinden alyp geçdi. Betbagt hem garyp düşen adamlary görende, altyn ýürek çekip bolmajak agyrydan ýaňa gyýyldy. Bir pursatda ol, edil ölen ýaly bolup durdy, soň hem birden täze güýç bilen urup, ýagşylykdan, sahylykdan we asudalykdan doldy. — Sag bol, Isa! Indi men öz ýüregime nämäniň gerekdigini bilýärin! — diýip, bagtly adam aýtdy. — Indi men Seniň näme üçin: «Men size rahatlygymy dünýäniň berşi ýaly bermeýärin» — diýeniňe düşündim. Men Seniň: «Oglum, ýüregiňi Maňa ber…» diýen sözleriňe-de düşünýärin. Gapy kakyldy. — Кim bar? — diýip, hojaýyn sorady. — Biz seniň goňşularyň, saňa şatlyk hem şadyýanlyk getirdik! — Мaňa siziň şatlygyňyz we şadyýanlygyňyz gerek däl — diýip, altyn ýürekli adam aýtdy. — Men sizi öýe salmaýaryn. Ýene gapy kakyldy, altyn ýürekli adam hem tanyş sözleri eşitdi: — Biz seniň dostlaryň, biz saňa rahatlyk hem asudalyk getirdik! — Мaňa siziň rahatlygyňyzam, asudalygyňyzam gerek däl! — diýip, hojaýyn jogap berdi. — Men sizi öýe salmaýaryn. Altyn ýürekli adam öýden çykdy. Ol öňünden çykanlara ýagşylyk, mylaýymlyk we söýgi sowgat berdi, ýöne hiç haçan ýadamady.