STORMY OMARTIÝAN DILEG EDÝÄN ÄRIŇ GÜÝJI Bu kitaby men ärim Maýkla bagyşlaýaryn. Onuň dilegleri beýan edip bolmaýan ýagdaýda meniň üçin uly pata boldy. MINNETDARLYK Meniň ýörite minnetdarlyklarym: • Öz aýallary hakynda eden dilegleriniň jogaplary bilen paýlaşan ynamdar dileg ediji ärlere. Hudaýyň jogaplary hakynda şaýatlyk eden we şi kitabyň döremegine uly goşant goşan şu aşakdakylara aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin: çopan Jeýk Heýforda, gözegçi Kennet K. Ulmere, gözegçi Eddi L. Longa, Nil Andersona, Jeýms Robisona, Maýkl Herritona, Maýkl Goldstouna, Rodni Jonsona we Stiwen Kertis Çapmene. Özleriniň boluşlary ýaly, olary ärler, atalar we Hudaýyň adamlary hökmünde gaty gymmatbaha saýýaryn; • Özleri üçin ärleriniň dileg etmekleriniň ýürek arzuwlarydygy bilen paýlaşan ýüzlerçe aýallara; • Meniň kömekçim we işlerime ýolbaşçyk ediji, doganym we joram bolan Sýuzan Martinese. Onsuz men ýekeje işlerimi-de öz wagtynda ýerine ýetirip bilmezdim; • Ärim Maýkla we onuň taýýarlan täsin naharlary üçin, dileg goldawlary üçin. Eger onuň dilegleri bolmasady, onda men bu kitaby ýazanymda, Hudaýyň sesini eşidip bilmezdim. • Gyzym Amanda we onuň aşpez, iş boýunça kömekçim bolandygy üçin. Kitaby ýazýarkam, Amandanyň öýde hojaýynçylyk hem edendigi üçin; • Meniň bilen dileg eden dostlaryma: Sýuzan Martinese, Roza Tompsona, Keti Stýuarta, Donna Sammere, Brýus Sudana, Maýkl Herriton bilen aýaly Terrä, Tom Brusso bilen aýaly Pettä. Olaryň dileg goldawlary bolmadyk bolsa, onda men bu ýyly gaty agyr geçirerdim, kitap ýazmaklyk hakynda bolsa gürrüň hem ýokdur. • «Harwest Haus» neşirýatynyň ähli işgärlerine, aýratyn hem Bob Hokins kiçä, Kerolin Makkridä, Juliýa Makkinnä, Tereza Ewensona, Terri Glespä, Betti Fletçere, Lareý Ueýkertä, Barb Şerillä we Peggi Raýta — olaryň ähli dilegleri, elektron habarlary, hatlary, jaňlary we goldawlary üçin uly minnetdarlyk bildirýärin. Oňat aýal tapan ýagşylyk tapandyr we Rebbiň merhemetine eýe bolandyr. (Süleýmanyň tymsallary 18:22) MAÝKL OMARTIÝANDAN SÖZ Biz, erkekler, nika gurmaklygymyz bilen oňa özümiziň ençeme ýylky tejribelerimizi, öz gylyklarymyzy, şahsy häsiýetlerimizi, ýatlamarymyzy, ynamlarymyzy we duýgu­larymyzy hem girizýändigimizi boýun almalydyrys. Biz edil özümiz ýaly biziň nikamyza öz ençeme ýylky tejribelerini, öz gylyklaryny, şahsy häsiýetlerini, ýatlamalaryny, ynamlaryny we duýgularyny giri­zýän aýal bilen ömürlik bagly bolýandyrys. Indi biz bir-birimiz bilen gürrüňdeş bolmaklyga, geçirimlilik bilen bir-birimize ýol bermeklige we hususy «men-menligimiz» bilen hoşlaşmaga mejburdyrys. Hawa, bu ýeňil iş däldir, çyndan hem şeýledir. Hudaý ýa-da geň degişmeçi häsiýete eýedir, ýa-da hemişe biziň ösüp, kämil bolmaklygymyz Onuň maksadydyr. Belki-de, bularyň ikisiniň hem bolmagy mümkindir. Nika gurmaklygymyz bilen biziň bagtly bolmaklygymyzy Hudaý isleýändir, ýöne munuň üçin biz öz ýanýoldaşymyzy Isanyň bizi söýşi ýaly söýmelidiris. Şonuň üçin hem adamsynyň aýaly bilen gatnaşygynyň üstünligi erkegiň Gökdäki Ata bilen gatnaşygyna baglydyr. Aýal üçin bolan dileg uly güýje eýedir. Hudaý hemişe hem bizi diňleýändir — her bir sözümize gulak goýýandyr. Hawa, älemiň Ýaradyjysy bolan Hudaý bize gulak goýýandyr we diňe Onuň kömegi bilen biz Hudaýyň birleşdirenini dargatmaklyk üçin duşmanyň guran duzaklaryna düşmän, üstünlikli bolup bilýändiris. Biz öz durmuşymyzda özgerşikleri görmeklik isleýärismi? Bu özgerşikler barada dileg etmeklik bilen, biz Hudaýyň durmuşymyza girip, beýik işleri amala aşyrmagyny haýyş edýändiris. Eger biz dileg etmeýän bolsak, onda nikamyzyň üstünligi biziň hususy akyldarlygymyza we sarp edýän güýjümize baglydyr. Ýöne biz dileg edenimizde, asudalygyň neneň çeşmesine eýe bolýandyrys! Biz aýallarymyzdaky özgerşikleri ýöne bir gözümiz bilen görmän, eýsem özümiz hem özgerýändiris. Stormy bilen nikamyzyň bütin döwründe men onuň üçin eden dileglerimiň täsin hereketlerine ençeme gezek şaýat boldum: onuň geçmişdäki elhençlerden azat bolmaklygy, onuň durmuşynyň howp astyndan halas bolmaklygy, onuň çeperçilik sungatyndaky üstünlikleri. Meniň dileglerimiň Stormy üçin getirýän peýdalaryna göz ýetirip, olara näçe düşündigimçe, Hudaýyň bu dilegleri meniň ynamymy artdyrmagy üçin ulanýandygyna, maňa pata berip, ruhda ösmekligime kömek edýändigine aýdyň düşündip başladym. Aýaly üçin adamsynyň edýän dileglerine Hudaýyň jogap berjekdigine doly ynamlylyk bilen, men bu kitaby siziň okamaklygyňyzy maslahat berýän. Muny okamaklygyň siziň üçin gyzykly boljakdygyny men bilýärin, çünki Stormy bu kitaby ýazýarka, men hemişe onuň üçin dileg etdim. Maýkl Omartiýan DIGLEGIŇ GÜÝJI Siziň bu kitaby okaýandygyňyz üçin men minnetdar. Hiç kimiň muny size zorluk bilen etdirmeýändigine men ynamlydyryn, emma şeýle aýal bolaýanynda-da, siz bu kitaby soňuna çenli okajakdygyňyzy oňa aýtmaklyk bilen, aýalyňyzyň gaharyny ýatyryp bilersiňiz. Men özüne ynamly aýal ýaly bolup görünmek islemeýärin, ýöne siziň şu aşakdaky okyjylaryň bir toparyna hökman laýyk gelýändigi­ňize ynamlydyryn. Haýsy topara degişlidigiňizi bolsa siziň özüňiz çözüň: 1. Siz bu kitaby ýa-da öz söýgüli kürsüňizde, ýa-da ähli kitaplaryňyzyň arasynda, ýa-da öz ýassygyňyzda, ýa-da gurallar duran gutuda, ýa-da maşynyňyzyň öňki oturgyjynda, ýa-da öz stoluňyzyň üstünde, ýa-da telewizoryňyzyň ýanynda tapdyňyz (galyberse-de, bu kitap täsin halda şol ýerde bo­lupdyr). 2. Aýalyňyz bu kitaby siziň üçin satyn alypdyr, çünki özi üçin dileg etmeýändigiňiz sebäpli, siziň mundan beýläk özüňizi günäkär duýmaklygyňyzy aýalyňyz islemeýär. 3. Siziň özüňiz bu kitaby satyn aldyňyz, çünki siz aýalyňyz hakynda dileg etmek isleýärsiňiz, emma nämeden başlamalydygyny bilmeýärsiňiz. 4. Siz öz aýalyňyzda, öz-özüňizde, nikaňyzda düýpgöter özgerşikler görmekligi isleýärsiňiz we olary amala aşyrmakda bu kitap kömek eder diýip umyt edýärsiňiz. 5. Siz bireýýäm oňat, akylly, söýgüli we dileg ediji ärsiziň we aýalyňyza bolelin patalar getirip biljek täze usullary bilmeklik isleýärsiňiz. 6. Bu kitaby size dostuňyz maslahat berdi we bu kitaba özüňiziň ynamsyz gatnaşygyňyza seretmezden, siz näme bolsa-da, bu kitaby okamaklyga gaýrat tapdyňyz we netijäniň neneň boljakdygyna syn etmek isleýärsiňiz. 7. Siziň nikaňyz howp astynda we siz edil halas ediş ýeleginden ýapyşyşyňyz kimin, bu kitapdan ýapyşdyňyz. Çünki bu kitaby okanyňyzdan soň, maşgalaňyzy halas etmekligiň aňsat ýolunyň tapyljakdygy size gümandyr. Haýsy sebäbe görä bu kitaby okamaklyk kararyna gelendigiňize seretmezden, men sizi gyzgyn garşy alýandyryn. Meniň gözlerimde siz — erkek taýpasynyň arasyndaky örän uly adamlarysyňyz. Siziň sarp eden güýjüňiziň miwesiz bolmajakdygyna men sizi ynandyrmak isleýärin, sarp eden wagtyňyz bolsa boş bolmaz, geljekde size beýik sylag garaşýandyr. NÄME ÜÇIN KITABYŇ AWTORY ERKEK DÄL-DE, AÝAL? «Näme üçin bu kitaby adamsy däl-de, Stormynyň özi ýazypdyr» diýip soramagyňyz mümkin. Jogap ýönekeý: çünki ol hem edil siziňki ýalydyr — adamsym mydama meşgul adam, ol kän ýerlere ylgamalydyr, ençeme adamlar bilen duşuşmalydyr, işi bolsa gaty kändir, ol maşgalasyny-da eklemelidir, onuň halaýan işleri hem bardyr, ýagny ol golf oýnamalydyr, özüniň söýgüli komandasynyň janköýeri bolmaklygy-da biraz wagt tapmalydyr, şeýle-de, ol kitap ýazmaly bolanynda, sabyrsyzlyk keseli bilen berk keselleýändir. Maýkl dileg etmeýär diýip aýtmak bolmaz. Ol dileg edýär, ýöne iş dilege galanda, ol gaty gysga bolýandyr (bu onuň söýgüli komandasy bolan «Çikago Kab­zyň» utulýan ýagdaýyndan has tapawutlydyr). «Näme üçin Dileg edýän äriň güýji kitabyny siz ýazmadyňyz?» diýip, adamlaryň ýygy-ýygydan berýän soraglaryna onuň jogaby hemişe-de taýyndyr. — «Eger ol kitaby men ýazan bolsadym, — diýip, ol çynlakaýlyk bilen aýdýar, — onda ol kitabyň galyňlygy kiçijik kitapça ýaly bolardy». Hatarlaryň arasy gaty ullakan. Ençeme suratlardan doly. Eger ol kitabyň galyňlygy kiçijik kitapça ýaly bolan bolsady, onda bu meniň üçin uly mana eýe bolmazdy. Eger är dogrudan hem dileg edýän bolsa, onda gysga bolmaklygyň ähmiýeti ýokdur. Esasynda äriň dilegleri uzyn we giňişleýin bolman bilerler. Ýürekden edilen gysga dilegler hem uly güýje eýe bolup bilýändirler, çünki ruhy dünýäde Hudaý äre täsin ygtyýarlygy berendir. Ol özüniň dileglerine jogap alarmy? Bu onuň şol ygtyýarlygy ulanyp bilşine baglydyr (bu barada biz indiki bapda gürrüň ederis). Dileg edýän äriň güýji kitabymyň üstünligi zerarly, men ýurduň içinde ençeme syýahatlar edip, müňlerçe aýallar bilen gürrüňleş mäge mümkinçilik aldym, olaryň ençemeleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak-da başartdy. Men olaryň öz ärleri bilen gatnaşyklarynyň oňatlaşmagyny isleýändiklerini, olaryň nikalarynyň täzeden dikelip, ähli ýakynlary üçin şatlygyň çeşmesi bolmaklygyny küýseýändik lerini gördüm. Olaryň Hudaýyň erki boýunça dileg edenlerinde, öz dileglerine alan täsin jogaplary hakynda uly kanagatlanma bilen bildim. Hatlarda we şahsy duşuşyklarda aýallaryň tükeniksiz sany meniň Dileg edýän äriň güýji kitabymy ýazmaklygymy haýyş etdiler. Men tä ärimden hem şu teklibi eşidenime çenli bu haýyşa çynlakaý seretmändim. «Haçan siz Dileg edýän äriň güýji kitabybyňyzy ýazarsyňyz» diýip, menden ençeme ärler soradylar. «Eger men ony ýazsam, siz hakykatdan hem ony okarmysyňyz» diýip, men olardan soradym. «Elbetde, — diýip, olar ynamly jogap berdiler. — Biz öz aýallarymyz hakynda dileg etmek isleýäris, emma nädip etmelidigini bilmeýäris». Men olaryň jogaplarynyň çynlakaýlygyna haýran galdym we olaryň sözlerindäki dogruçyllyk we çynlakaýlyk maňa gaty uly täsir etdi. Men ençeme ärleriň we olaryň dileg edýän aýallarynyň maňa edýän haýyşlary barada Maýkla gürrüň berenimde, ol gözüni telewi­zor­dan aýyrman, bada-bat meniň şeýle kitaby ýazmalydygym bilen ylalaşdy. «Ol kitabyň awtorynyň sen bolmalydygyň seni haýran galdyrmaýarmy?» — diýip, men ondan soradym. Ol maňa şeýle bakyş bilen seretdi welin, men şol bada özümiň hemişekim ýaly dükana aýlanyp gelmekligim baradaky jogaby alandygyma düşündim. «Ýok, sen — ýazyjysyň, men bolsa sazanda», — diýip, Maýkl bu barada gürrüň dowam etdirmeklik islemeýän sesi bilen aýtdy. Edil adatdakysy ýaly, gürrüň ony gyzyklandyrmaýan bolsa, esasan hem ol janköýeriň roluny ýerine ýetirýän mahalynda, ol bary-ýogy bir-iki agyz söz bilen çäklenýärdi. «HANY, BOL, ÖŇE!» — diýip, ol birden gygyrdy we oturgyçda bökjekledi. Men bireýýäm iş başyna geçmeklige synanyşypdym, emma birden bu sesleriň özüme däl-de, «Çikago Kabz» komandasynyň bir oýunçysyna degişlidigine düşündim. «Belki-de, sen hiç bolmanda sözbaşyny ýazarsyň» — diýip, Maýklyň ýerinde oturanyndan soň men gürrüňi dowam etdirmäge synanyşdym. «Hawa, elbetde», — diýip, ol telewizordan gözüni aýyrman aýtdy. Birden gaty sesi bilen: «Sen, garaş, ýok, ýok, gerek däl! TENTEK!». Beýle gykylyga neneň seretmelidime men düşünmedim. Onsoň Maýkl maňa bakyp, düşündirmäge başlady: «Bu çözüji — hakyky tentek! Ol oglan bilen bary ýerbe-ýerdi!» Öňki gykylygyň özüme degişli däl bolanyndan özümi dürsäp, gürrüňi dowam etdirmäge synanyşdym. «Şeýle bolýan bolsa, onda sen men barada eden dilegleriňiň jogaplary bilen paýlaşarsyň?» diýip, men ondan soradym. «Şu wagt däl ahyryn, — diýip, ol garşylyk görkezdi. — Elbet­de, gürrüň bererin, emma ýedinji bilen sekizinji tapgyryň arasynda». «Men indiki birnäçe aýlaryň içinde diýip göz öňünde tutdum» diýip, men haýallyk bilen düşündirdim. «ŞEÝLE! ŞEÝLE! GOWY! GATY GOWY!» — diýip, ol ýene gyryrdy, onsoň maňa bakdy-da: «Sen bir zatlar diýdiňmi?» diýip ­sorady. «Hawa, — diýip, men oňa jogap gaýtardym. — Men bu kitaby ýazmaga başlanymda, özüm barada seniň dileg etmegiňi isleýärin». «Diňe şu wagt däl. Ýedinji bilen sekizinji tapgyryň arasynda», — diýlen jogap eşidildi. «Bütin ýylyň dowamynda diýip men aýtjak boldum». «Bolýar, bolýar». «Söz berýäňmi?» «Hawa, elbetde». Şeýlelikde, men öz adamsymyň we ençeme är-aýallaryň goldawlaryna bil baglap, men biragyzdan bu kitabyň döredilmegine jogapkär saýlandym. Men özüme bildirilen bu uly ynama çynlakaý seretdim. «Dileg edýän äriň güýji» kitabyň awtory bolmaklyga adamsymyň razylaşmandygyna seretmezden, ol elinden gelen kömegi etmäge taýyndygyny aýtdy. BU KITABY OKAMAKLYGYŇ GEREKDIGINIŇ ÝENE BIR SEBÄBI Bu kitabyň awtorynyň hakykatdan hem men bolmalymykam diýip Hudaýdan soranymda, maňa gyzykly bir ylham geldi. Meniň pikirimçe, Hudaýyň bu kitaby ýazmaklygy hut maňa buýurmaklygynyň sebäpleriniň iň esasy şundadyr: eger meniň teklip edýän dileglerim erkek tarapyndan ýazylan bolsady, onda bu peýdakeşli we men-menlikli bolup görünmekleri mümkindir. Emma bu kitapda getirilen dilegleriň nusgalarynyň siziň ulanmaklygyňyzy maslahat berýän, çünki munuň hem aýalyňyz üçin, hem-de siziň özüňiz üçin hem uly pata boljakdygyna ynamlydyryn. Şu kibabyň ýazylmagyny menden haýyş eden erkekleriň sanyny sanamaga synanyşyp, men şu netijä geldim: eger (saýlaw döwründe edilişi ýaly) men saýlawçylaryň sanyny hasaba almaklyk islän bolsam, onda men özümiň gürrüň eden ähli adamlarymyň arasynda erkek jynsyň ençeme esse kändigine göz ýetirerdim. Bu ýerden şu aşak­daky pikir gelip çykýar: ŞU KITABYŇ DÖREMEGINIŇ SIZIŇ PIKIRIŇIZDIGI bilen siz hem, men hem ylalaşýandyrys! BIZIŇ GEÇMIŞIMIZ Biziň 28-ýyllyk bilelikdäki är-aýallyk durmuşymyzyň birinji ýary bölegi beýik gapma-garşylykda we bir-birimizi kemsitmeklikde geçdi, çünki biziň ikimiz hem ruh boýunça däl-de, ten boýunça ýaşamaklyga çalşypdyk. Biziň her birimiz beýlekimiziň özgermegini isleýärdik we biziň her birimizi özgertmäge ukyply bolan Hudaýa bil baglaman, öz güýjümiz bilen ol özgerşiklere ýetmeklige synanyşýardyk. Wakalary gerekli ugra ugrukdyrmaklyk synanyşyklarymyz garaşylmadyk miweleri getirýärdi. Maýklyň gahary bütin maşgalanyň üstünden ýolbaşçylyk etmekligiň guralydy, men bolsa öz gezegimde muňa sowuk-salalyk bilen jogap berýärdim. Elbetde, mende üç sözden ybarat bolan özümiň söýgüli dilegim bardy we käte-käte ony ulanýardym. Siz ony bilýänsiňiz: «Ony özgert, Hudaýym!» Emma Hudaý hiç haçan hem bu dilege jogap bermeýärdi. Ýekeje gezek hem oňa jogap bermedi. Bir gezek Maýkl bilen aramyzdaky güýçli dawadan soň agyrynyň çydar ýaly bolmanyndan soň, kömek diläp, men Hudaýa ýalbardym. Şonda eger men öz durmuşymy Maýkl üçin dileg etmeklige bagyş etmeklige ylalaşsam, onda meniň dileglerim arkaly ärimi özgerdip, ony Özüniň isleýşi ýaly etjekdigini Hudaý maňa aýan etdi. Emma munuň üçin men Hudaýyň özüme täze ýürek berip, Onuň Maýkla seredişi ýaly, me niň hem ärime seretmeklige çalyşmalydygym gerekdi. Men munuň bilen ylalaşyp, Hudaýyň özüme buýruşy ýaly Maýkl hakynda dileg etmäge başlanymda, men onuň ýerliksiz gaharynyň sebäbine düşünip başladym. Maýkl ygtyýarly we talap ediji eje tarapyndan terbiýelenipdi we onuň ejesi ogly bilen gaty berk daraşýan eken. Ejesi oglunyň mümkinçiliklerinden we ukyplaryndan hem artyk bolan, oglunyň ymtylyşlaryna, Hudaýyň niýetlerine gabat gelmeýän talaplary dileýär eken. Ejesi Maýklyň bäşlikçi bolmagyny talap edýär eken, Maýkl bolsa disleksiýa[1] keseli bilen kesel eken we onuň bu keselini hatda anyklamandyrlar. Ejesi Maýklyň lukman bolmaklygyny arzuw edýär eken, Maýklyň özi bolsa sazy gowy görýär eken. Ejesi oglunyň ähli işde üstünlikli bolmagyny isleýär eken, Maýkl üçin bolsa okuw agyrlyk bilen başardýar eken. Ejesi onuň kynçylyklaryna düşünmeýär eken. Onuň özi hem olara düşünmeýär eken. Nähili bolandygyna seretmezden, ejesiniň Maýkla bolan şeýle gatnaşygyny düşündirip bolýardy: ejesiniň maşgalasy öň Ermenistanda ýaşapdyr we garyndaşlarynyň aglabasy şol ýerde türk basybalyjy goşuny tarapyndan öldürilipdir. Onuň ejesini, ýagny Maýklyň mamasyny öz çagalarynyň urlup, öldürilýändigine seretmäge mejbur edipdirler. Bu gürrüňiň soňy şeýle bir elhenç, men bu barada kän gürrüň bermek islemeýärin. Garyndaşlarynyň öldürilenlerinden soň Maýklyň mamasy Amerika gaçyp gidipdir we şol ýerde täze maşgala gurupdyr. Şol maşgalada hem Maýkl doglupdyr. Elhenç ýatlamalar, kynçylyklar, garypçylygyň yzasy, sowatsyzlyk, ýat we duşmançylykly ýurtdaky kiçi halka degişli bolmaklyk — bularyň bary mamasynyň, şeýle-de Maýklyň ejesiniň ýüregini döwüpdir. Olar bir zatda ynamlydylar: bu belanyň mundan beýläk gaýtalanmazlygy üçin erjellik bilen okap, kän işlemeklik wajypdyr. Şonuň üçin hem üstünlige eýe bolmadyk maşgalanyň agzasy ýük hasaplanylýardy. Olaryň pikirleriçe, sazanda bolmaklyk çynlakaý iş däldir, bu işi geljekde abraý getirip bilýän hakyky iş hasaplamaýardylar. Beýik depressiýa döwrüniň kynçylyklary Maýklyň ejesiniň gorkularyny diňe güýçlendiripdi. Maýklyň çagalygy hut Depressiýa ýyllaryna gabat gelendigi üçin, ejesiniň gepleýşinde «diri galmaklyk», «howpsuzlyk», «zähmetsöýerlik», «abraý» we «üstünlik» ýaly sözler kändi. Ejesi «okumaklyga ukypsyzlyk», «çeperçilik häsiýet», «saz tarapdan ökde bolmaklyk» ýa-da «Hudaýdan berlen sylag» ýaly sözleriň manysyna düşünmeýärdi. Ol ogly Maýkly kyn we köpçülige goşulmaýan çaga hasaplaýardy. Maýkl bolsa öz boluşly ýönekeý oglandy, galyberse-de, ejesiniň talaplaryna laýyk gelmeýändigi barada kän oýlanyp, hemişe ejir çekýärdi. Bularyň baryny men Maýklyň ejesinden bildim. Men özümiň Maýkl bilen nikamdan ozal onuň ejesi bilen gaty ýakynlaşdym. Rak keseliniň ony doly güýçden gaçyryp ýetişmänkä, az wagtyň içinde ol meniň üçin gadyrdan eje boldy. Ýaşaýyş üçin bolan göreş onuň gözýetimini düýpgöter özgerdendigi hakynda onuň özi maňa gürrüň berdi. «Men oglum bilen gaty berk gatnaşyk ederdim, — diýip, meniň Maýkl bilen durmuş guranymyzdan soň gaýyn enem maňa gürrüň berdi. — Indi men özümiň neneň nädogry bolandygymy görýärin. Ölümiň öň ýanynda durmuşda nämäniň hakykatdan hem wajypdygyna düşünýärsiň. Meniň pikirimçe, onuň mekdep ýyllarynda özümiň oňa bolan gatnaşygym zerarly Maýkl käte-käte gaharjaň we depressiýa ýagdaýynda bolýandyr». «Şol wagt nämäniň dogry, nämäniň bolsa nädogrydygyny bilýän azdy, — diýip, men ony köşeşdirdim. — Siz özüňiziň dogry diýip hasaplaýşyňyz boýunça hereket etdiňiz». «Ýok, men oňa gaty kän käýäp, hemişe ony ýamanlaýardym. Men köp zady ondan diledim», — diýip jogap berdi-de, bir wakany gürrüň bermäge başlady (Maýkl maňa bu wakany nikamyzdan öň gürrüň beripdi). Oglunda arzuwlarynyň amala aşmaklygyny isleýän ejesiniň berk terbiýesini alan Maýkl onuň ähli umytlaryny ýerine ýetirip bilmäge özüniň ukypsyzdygyny hemişe özüne ýatladyp, gaty ejir çekýärdi. Netijede Maýkl on iki ýaşynda agyr keseli, ýagny nerw tutgaýyny başyndan geçirdi. Şol wagt ol kollejdäki ähli sapaklaryna gatnaýardy we bu onuň üçin, ýagny disleksiýa keseli bilen kesel adam üçin ýeňil iş däldir. Galyberse-de, ol gijelerine sazanda bolup hem işleýärdi. Hiç-de boş wagtynyň bolmazlygy onuň üçin çydar ýaly däldi. Ejesi Maýkly maşgala lukmanyna görkezipdir. Lukman hem Maýkly psihiatrik keselhana ýerleşdirmekligi teklip edipdir. Galyberse-de, ol keselhana lukmanyň we Maýklyň öýleriniň ýanynda ýerleşýän eken. Maýklyň gowy dynjyny alyp, gerekli kömegi alary ýaly, şol keselhanadan oňat ýer ýok diýip, lukman aýdypdyr. «Maýkly psihiatrik keselhana ýerleşdirmeklik uly ýalňyşlyk boldy, — diýip, Maýklyň ejesi aýtdy. — Onuň ýagdaýy gaty bir agyr däldi we beýle karar kabul etmekligiň geregi ýokdy. Netijede Maýkl keselhanada bolup, hakykatdan hem sagalmaga mätäç adamlaryň özlerini elhenç ýagdaýda alyp baryşlaryna şaýat boldy. Lukmanyň bu teklibi kömek etmekligiň deregine, tersine, ol Maýkla gaty uly zyýan ýetirdi». Keselhana gitmezinden bir gün öň Maýklyň doganoglany ony ýygnanyşyga çagyrdy we Hudaý bilen ýaraşmaklygy teklip etdi. Ynanýan adam bolandygyna seretmezden, Maýkl hiç hili ruhy taýdan ösmeýärdi. Şol keselhanada bolmaklyk onuň üçin güýçli gorkularyň çeşmesi boldy. Şeýlelikde, keselhanada birnäçe hepde bolanyndan soň, Maýkl ýüreginiň gorkulardan dolulygy bilen ol ýerden çykdy. Ol ýerde ýene-de bolmaklyk onuň üçin iň gorkunjydy. Hatda on bäş ýyllap maşgalaly bolany bilen hem umytsyzlyk we kyn ýagdaýlarda ony howsala eýeläp, ol lapykeç bolýardy. Beýle ýagdaýyň sebädi onuň gorkularydy. «Wagtyň geçmegi bilen lukman menden ötünç sorady, — diýip, Maýklyň ejesi gaýgy bilen aýdypdy. — Maýkly şol keselhana ýerleşdirmeklik dogrudan hem ýalňyşlyk bolandygyny lukman boýun aldy. Bu dogrudan hem şeýledi, çünki şondan bäri Maýkly mydama depressiýa we howsalalyk yzarlaýar». Gaýyn enemiň gürrüňi Maýklyň gaharynyň hakyky çeşmesini görmeklige meniň gözlerimi açdy. Hatda näme üçin onuň ähli gaharyny menden çykarýandygy we ejesine bolan öýkesi hem meniň üçin düşnükli boldy: ol ejesine gaharlydy, men bolsa onuň ejesi bilen bir hatarda ol tarapyndan kabul edilýärdim. Emma men şol wagt beýle gatnaşygy dogry kabul edip biler ýagdaýda däldim, çünki men özümiň geçmişimiň täsiri astyndadym. Meni psihiki taýdan sagdyn bolmadyk eje terbiýeledi. Ol özüni ýygy-ýygydan gaharjaň alyp baryp, meni ammarda gulplar goýýardy. Ine, näme sebäpden meniň hemişelik ýoldaşlarym gorky, depressiýa, umytsyzlygy duýmaklyk we howsala boldy. Hatda bu agzalanlar meni uly ýaşyma çenli hem yzarlap geldiler. Men özümi betbagt hasaplaýardym, çünki ejem maňa mydama şeýle diýýärdi. Ejemiň maňa bolan şeýle gatnaşygy meni Maýklyň özüni alyp barşyna gaty duýgur etdi, käwagtlar bolsa ol özüni edil meniň ejem ýaly alyp barýan ýalydy. Öz nikamyza goragsyzlyk duýgusyny getirendigim sebäpli, Maýklyň gödek sözleri meni ýaralaýardy we men hem öz gezegimde jogap edip, ondan daşlaşýardym. Meniň gözlerimde ärim ynama mynasyp adam däldi, çünki onuň haçan meniň üstüme ýazgarma we höküm bilen çözjamaga girişjekdigini bilmeýärdim. Durmuşa çykandygym zerarly peýda bolan agyrynyň çydardan üstün bolanynda, men Maýkldan gidip, aýrylyşmaklyk hakynda oýlanyp başladym. Hut şol pursat Hudaý maňa şuny aýan etdi: eger men öýden gaçmaklyk pikirimden el çeksem we Maýkl üçin towakga etmeklik bilen Onuň erkine tabyn bolsam, onda Ol meni ärimiň azat bolmaklygyndaky gural hökmünde ulanjakdygyny bildim. Eger men Hudaýyň öwredişi ýaly ärim üçin dileg etmeklige ylalaşsam (munuň üçin menden uly özgerşikler talap edilýärdi), onda Ol meniň dileglerime jogap berjekdir. Meniň soňky ýyllaryň içinde öwrenenlerim Dileg edýän aýalyň güýji atly kitabymyň esasy boldy. Hudaýyň erkini çyn ýürek bilen amala aşyrmaklyk islegime seretmezden, men şonda-da Hudaýdan şeýle diýip soradym: «Emma näme üçin diňe men özgermelidirin? Edil men ýaly Maýkl hem muňa mätäç dälmi näme?» Emma Hudaý maňa: «Gürrüň kimdir biriniň özgermeklige mätäç bolanynda däl-de, kimiň özgermeklige isleginiň bardygyndadyr. Eger sen özgermek isleýän bolsaň, onda men sen arkaly hut şu wagt hereket etmäge taýyndyryn» diýdi. Özümde özgermeklik islegimiň bardygyna men ynamly däldim, emma men Hudaýa tabyn bolmaklygy isleýärdim. Şonuň üçin hem men «hawa» diýdim. Hudaýyň aýdyşy ýaly, men özümiň päk ýüregimiň töründen Maýkl üçin dileg edip başlanymdan bäri adamsymdaky özgermeleri duýup başladym. Ol kän gaharly däldi; öz geçmişine täzeçe seredip başlady. «Eger kakam öz borjuny, ýagny biziň üçin dileg etmekligini berjaý eden bolsady, onda biziň maşgalamyzda bary başgaça bolardy, — diýip, bir gezek Maýkl maňa aýtdy. — Ol ynamdar kaka we ärdi, maşgalany hem gowy ekleýärdi, emma ol meniň durmuşyma kän täsir etmedi. Onuň meni söýýändigini bilýärin. Ol erbet adam däldi, ol ýöne hereketsizdi, ýagny maşgalada hiç hili çözgütler kabul etmeýärdi. Ol hiç haçan hem meniň durmuşyma täsir etmedi. Ençeme ýyllap men bu ýagdaýa ejemiň gözleri bilen seredip bilmedim, emma men şu wagt ejeme täze duýgulary — rehimdarlyk duýgularyny duýýaryn. Ähli zady onuň özi etmeli boldy ahyryn we maşgalanyň agyr ýüküni ýeke götermeli bolupdy. Kakam onuň üçin Hudaýyň öňünde towakga etmändi we öýde oňat gatnaşyk ýokdy. Ejem kyrk dört ýaşyna ýeteninde, onda rak keselini tapdylar, elli ýaşynda bolsa ol aradan çykdy. Ony özüniň agyr durmuşynyň öldürendigine men ynamlydyryn». Özüniň geçmişine bolan bu täze düşünje maşgalasy üçin dilegiň gaty wajypdygyny düşünmäge Maýkla uly kömek boldy. Bu ony meniň üçin dileg etmeklige ruhlandyrdy. Öz üstünliklerimiň aglaba böleginiň ärimiň dilegleri zerarly amala aşandyklaryna men ynam­lydyryn. GÜÝÇ WE YGTYÝARLYK Dileg edýän äre mahsus bolan güýç aýalynyň üstünden ýolbaşçylyk etmekligiň serişdesi bolup bilýän däldir. Hakykatda bu şeýle bolýan hem däldir, çünki biziň beýleki adamlaryň üstünden ýolbaşçylyk etmekligimizi Hudaý isleýän däldir; Özüniň bize ýolbaşçylyk etmekligine ýol bermekligimizi Hudaý isleýändir. Özümizi Hudaýyň öňünde boýnyburuk we bize Onuň ýolbaşçylyk etmegine rugsat berip, biz Onuň özümiz arkaly hereket etmekligine mümkinçilik berýändiris. Siz öz aýalyňyz hakynda towakga edeniňizde, Hudaý sizi Öz güýjüniň guraly hökmünde ulanýandyr. Siziň dilegiňiziň güýji Hudaýdan gelýändir. Aýalyňyz üçin dileg etmeklik bilen siz Hudaýyň güýjüni aýalyňyzyň durmuşynda ulanmaklygyny haýyş edýänsiňiz. Siziň dilegiňiz ýanýoldaşyňyzyň Hudaýyň sesini oňat eşidip, oňa jogap bermeklige mümkinçilik berýändir. Ýöne muňa seretmezden, Hudaý hiç haçan hem adamzat erkine garşy gidýän däldir. Eger kimdir biri Onuň erki boýunça ýaşamak islemeýän bolsa, Ol beýle adama päsgel berýän däldir. Şonuň üçin hem siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň durmuşyna uly täsir edip bilýän beýik güýje eýe bolýandygyna seretmezden, bu güýjüň mümkinçiliginiň çägi bardyr: eger siziň ýa-da aýalyňyzyň erki Hudaýyň erkine garşy bolýan bolsa. «Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider» (1Ýahýa 5:14). Biziň ähli zat üçin dileg etmegimizi Hudaý isleýändir, emma şeýle-de Ol biziň Onuň erki boýunça dileg etmegimizi isleýändir. Şonuň üçin hem Onuň Öz erkini bize açyp, oňa laýyklykda biziň dileg etmekligimizi öwretmegini biz soramalydyrys. Siziň dilegiňizde Hudaýyň näme eşitmegine düşüneniňizde, siz çyn ýürekden we hemişe dileg etmeklige öwrenersiňiz. Öz ýanýoldaşymyzy biziň islegimiz boýunça hereket etmäge mejbur etdirip bilmeýändigimiz ýaly, Hudaýyň hem näme etmelidigini biz Oňa görkezip bilýän däldiris. Çünki biziň däl-de, Onuň erki amala aşmalydyr. Size aýalyňyzyň durmuşyny üýtgetmäge ukyply bolan täsin ruhy güýç berlendir. Siziň ruhy güýjüňiziň Hudaýdan gelýändigi zerarly, ol Hudaýyň niýeti boýunça hem ulanylmalydyr. Ol güýç Onuň söýgüsinden doly bolup, diňe Ony şöhratlandyrmalydyr. Hudaý tarapyndan berlen ruhy ygtyýarlyk boýnyburuklykda esaslandyrylandyr, diýmek, siz beýleki adamlara ýolbaşçylyk etmekligiň deregine, Hudaýa hyzmat etmelisiňiz. Hudaý siziň Özüne hyzmat edip, duşmanyň bütin güýjüni depelemegiňizi (Luka 10:19 seret) we duşmanyň aýalyňyzyň durmuşyndaky ähli niýetlerini dargatmaklygyňyzy isleýändir. Eger siz duşmanyň öz nikaňyza aralaşýandygyny görýän bolsaňyz, onda batyrgaýlyk bilen şeýle diýiň: «Men duşmanyň öz nikamy dargatmagyna ýol bermerin». «Men duşmana aýalym bilen özümiň aramyzda düşünmesizligi döretmegine ýol bermerin». «Men duşmanyň öz aýalymy aldaýandygyny görenimde, hiç zat bolmaýan ýaly edip, bir çetde durjak däldirin». «Men duşmanyň öz aýalyma hüjüm etmegine ýol bermerin». «Men aýalym bilen öz aramda jedelleriň höküm sürmegine ýol bermerin». «Men özümiziň geçmişdäki, hatda düýnki ýalňyşlyklarymyzyň biziň geljegimize täsir etmeklerine ýol bermerin». Onsoň dileg ediň, dileg ediň, dileg ediň. Çünki siz dileg edeniňizde «Siziň garşyňyza ýasalan ýarag işe ýaramaz» (Isaýa 54:17 seret). ÖZ NIKAŇYZY TÖTÄNLIGIŇ ERKINE BERMÄŇ Şu kitabyň başynda getirilen Mukaddes Kitapdan alnan aýat ýadyňyzdamy? Onda siziň bireýýäm patalydygyňyz barada gürrüň berilýär, çünki siz bireýýäm öýlenensiňiz (Süleýmanyň tymsallary 18:22 seret). Diňe siziň öýlenen bolandygyňyz üçin Hudaý size aýratyn patalar taýýarlady, çünki ol siz bilen aýalyňyza bir bitewilige seredişi kimin seredýändir (Matta 19:4-6 seret). Bu diýmek, siziň biriňiziň durmuşyňyzda bolup geçýän bir ýagdaý hökman beýlekiňiziň durmuşyna öz täsirini ýetirýändir. Eger siziň aýalyňyz bagtly bolsa, onda siz hem bagtlysyňyz; eger siz pataly bolsaňyz, onda aýalyňyz hem patalydyr we tersine, eger siziň aýalyňyz betbagt bolsa, onda siziň hem betbagt boljakdygyňyz şübhesizdir. Çünki aýalyňyzyň kynçylyklary esasynda siziň kynçylyklaryňyzdyr. Ine näme üçin siziň aýalyňyz üçin dilegleriň gaty wajypdyr: olar siziň ikileriňize hem degişlidir ahyryn. Eger siz durmuşyňyzdaky bir kynçylygyň çözgüdi hakynda dileg etmeýän bolsaňyz, onda siz ony tötänligiň erkine berýänsiňiz. Eger şeýle ýagdaý siziň nikaňyzda bolýan bolsa, onda bu gaty erbetdir. Ähli kynçylyk şundadyr, ýagny onuň alyhezretleri tötänlik nikany agyr synaglara salýandyr: är-aýallaryň arasynda düşünmesizlikler, jedeller peýda bolup başlar, är bilen aýalyň arasynda bir-birlerine bolan öýke-kine ýygnanyp başlaýandyr. Tötänligiň ygtyýary gapyny açýandyr we ol gapy arkaly siziň nikaňyza özüňi söýmeklik, bir-biriňi ýigrenmiklik ýaly zatlar girýändir. Bularyň bary biziň bary-ýogy adamlar bolandygymyz üçin bolýandyr. Eger ähli kynçylyklarymyzyň çözgüdini tötänligiň erkine tabşyrsak, onda biz betbagtçylyklaryň zynjyryna şeýle bir batarys welin, hatda ondan çykalga-da tapmarys. Emma hiç zada seretmezden, ol betbagtçylyklaryň zynjyry dileg arkaly üzülip bilinýändir. Eger gaty işli bolmaklygyň, abraýa ylgamaklygyň, bagyşlamagy islemezligiň, öý-içeriniň aladalarynyň, çagalar bilen baglanyşykly kynçylyklaryň, gyzyklanmalaryň dürli bolmaklygynyň, içigysmaklygyň we gözýetimiň laýyk gelmezliginiň kömegi arkaly siz bilen aýalyňyzyň arasynda ullakan diwar peýda bolan bolsa, eger bularyň ählisi siziň durmuşyňyzda bar bolsa, onda siziň araňyzdaky peýda bolan diwary Hudaý dilegler arkaly çym-pytrak edip, siziň nikaňyzy täzeden dikeltmäge ukyplydyr. Aýalyňyz baradaky dileg diňe bir onuň ýüregini däl-de, eýsem özüňiziň hem ýüregiňizi ýumşadýandyr. Şondan soň siz öli nikada ýaşamaly bolmarsyňyz. Kemsitme we aýrylyşmaklyk baradaky pikirler siziň nikaňyzyň gündeliginden hemişelik aýrylyp bilýändir. Aýalyňyz bilen araňyzda nämeleriň bolandygyna seretmezden, Hudaýyň ähli zady düzedip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol sagaltmanyň we täzeden dikeltmäniň Hudaýydyr. Ol siziň tarapdaryňyzdyr. Ol size güýç we ygtyýarlyk berdi. Olary ulanyň. NÄDIP ÖZ AÝALYŇY ÇYNDAN SÖÝMELI Söýginiň beýik alamaty — bu öz janyňy beýleki adam üçin «pida» etdirmeklikdigini Isa aýdypdy (Ýahýa 15:13 seret). Fiziki taýdan ölmän, öz janyňy aýalyň üçin «pida» etmekligiň ençeme usullary bardyr. Olaryň biri öz durmuşyňy aýalyň üçin dileg etmeklige bagyşlamaga taýýar bolmaklykdan durýandyr. Bu aýalyňyzyň oňatlygy üçin getirilen gurbanlykdyr, netije-de bolsa ol siziň özüňiz üçin hem oňatlyk bolýandyr, şeýle-de, ol wagtyň kän sarp edilmegini dileýän hem däldir. Meniň öz ärimden ençeme ýakymly sözleri eşidesim gelýändir, emma birinji orunda şu üç zat durýandyr: «Men seni söýýärin», «Şu gün sen gaty owadansyň», «Ähli tölegler tölenen». Ýöne men her bir aýalyň eşidesi gelýän ýene bir sözlemi bilýändirin, çünki ol sözler beýlekileriň hem ählisinden aýalyň özüni söýgüli duýýandygyny alamatlandyrýandyr: «Men şu gün seniň üçin dileg ederin». Eger aýal özi üçin adamsynyň dileg edýändigini bilýän bolsa, onda ol özüni söýgüli we goragly duýýandyr. Özi üçin nämäniň uly mana eýedigini aýal bilýändir. Eger siz Hudaýyň aýalyňyzyň ýüregine täsir etmegini ýa-da gatnaşyklaryňyzdaky bir zady üýtgetmekligini, ýa-da nikaňyza pata bermegini, ýa-da nikaňyzyň dogry ýol boýunça gitmegini isleýän bolsaňyz, onda öz aýalyňyz barada dileg ediň. Eger aýalyňyzyň siziň üçin ähli zada taýýar bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda ondan: «Men seniň üçin nädip dileg edeýin?» diýip soraň (aýal doganlar, meni çykgynsyz ýagdaýa salmaň; bu setirleri siziň okaýandygyňyzy men bilýändirin). Bolýar, belki-de men hyýallary iş ýüzünde edip görkänýän bolmagym mümkin, emma aýalyňyz sizden şol soragy eşitse, onda ol hökman sizi öňkülerinden-de güýçli söýer. Ol sözleri aýtmaklyk bilen siz özüňiziň aýalyňyza we nikaňyza bolan wepalylygyňyzy görkezýärsiňiz ahyryn. Elbetde, eger siz aýalyňyza ol hakda dileg edýän diýip, özüňiz bolsa beýle etmeýän bolsaňyz, onda siziň ornuňyzda men gök gürrüldisi çagy köçä çykmaga gaýrat tapmazdym. EGER AÝAL YNANMAÝAN BOLSA? Durmuşda maddy gyzyklanmalardan başga-da, ruhy talaplaryň hem bardygyny her bir aýal bilýändir. Bu tassyklama bilen ynanmaýan ýa-da hiç bir dinde bolmadyk aýallaryň hem her biri ylalaşýandyr. Ruhy durmuşyň hem bardygyny we ol durmuş bilen ýaşanyňda hakyky bagta eýe bolup bilinjekdigini olar boýun alýandyrlar. Dileg hemişe dileg edilýän adamyň ýüregini üýtgedýändir. Eger siziň aýalyňyz ynanýan bolmasa-da, onuň üçin dileg ediň, şu kitapdaky dilegleri ulanyp, jogaplara garaşyň. Injilde: «Iman etmedik aýal imanly är arkaly mukaddes edilendir» diýlendir (1 Kor. 7:14). Siziň dilegiňiz aýalyňyzyň daşynda ruhy perdäni döredýändir. Elbetde, bu Hudaýy tanamaklygyň ornuny tutýan däldir, emma bu siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň durmuşyna güýçli täsir edip, ony goraýandygyny aňladýandyr. Her gezek dileg edeniňizde, bu barada ýatlaň, Hudaýy tanap, öz durmuşyny Oňa tabşyrmagy hakynda hemişe ýadaman dileg ediň. BAPLARYŇ ÝERLEŞIŞ TERTIBI Sizi ruhlandyrmak we teselli bermeklik üçin bu kitabyň her bir baby dileg üçin anyk bir mowzuga bagyşlanandyr. Bu kitapda men özümiň şahsy tejribemde öwrenenlerim we Hudaýyň meni öwredenleri bilen paýlaşýandyryn. Her bir babyň soňunda şu dört bölümler ýerleşdirilendir: 1. Aýallaryň mätäçlilleri Bu bölüm ýurtdaky syýahatlarym we olardaky ençeme aýallar bilen gürrüňlerimiň netijesinde dörän soragnamanyň esasynda düzülendir. Men olaryň öz ärlerinden nämä garaşýandyklaryny soradym, aýratynam: olaryň pikirleriçe, ärleriň aýallary üçin dilegi nähili bolmaly? Meniň bolan ähli şäherlerimde hem jogaplaryň hemmesiniň bir hili bolandygy meni gaty haýran galdyrdy! 2. Ärleriň şaýatlyklary Bu bölümde dürli erkekleriň öz aýallary hakynda eden dilegleri we olara alan jogaplary barada gürrüňler getirelýär. Olaryň ylhamlary meni şatlandyrdy, güldürdi, uly täsir galdyrdy we ruhlandyrdy. Siziň bilen hem şeýle boljakdygyna men ynamlydyryn. 3. Dileg Bu bölümde babyň mowzuga boýunça dileg teklip edilýär. Siz olaryň şol nusgada aýdyp bilersiňiz ýa-da olara öz şahsy dilegleriňizi goşup bilersiňiz. Bu dilegler bary-ýogy siziň üçin nusgadyrlar. 4. Siziň dilegiňizi has täsirli edip biljek Mukaddes Kitapdan alnan aýatlar Bu bölümde siziň dilegiňiz güýçlendirip biljek Mukaddes Kitapdan alnan aýatlar getirilen. Siz öz kynçylyklaryňyzyň çözgüdi barada dileg edýärkäňiz, ol aýatlar size uly kömek eder. Siz dürli ýagdaýlarda hem Hudaýyň Sözüniň hakykatlaryny ses bilen aýdyp bilersiňiz ýa-da aýalyňyz barada dileg edip, ol aýatlary hem aýdyp bilersiňiz. DILEG ETMÄGE BAŞLAMAGA HOWLUKMAŇ Dilegde Hudaýa ähli kynçylyklaryňyz hakynda dessine aýtmaklyga synanyşmaň, aýalyňyzyň durmuşynyň birnäçe taraplary hakynda şol bir wagtyň özünde dileg etmek gerek däldir. Her gezek bir mätäçligi saýlap, onuň çözülmegi hakynda dileg etmeklik oňat bolar. Günde bir bap okap, bir hepdäniň içinde öz ünsüňizi bir dilegde jemleseňiz hem bolar. Men siziň näçe wagtlap dileg etmelidigiňiz hakynda gürrüň etmeýän, emma Mukaddes Kitapda: «Az eken az orar, köp eken köp orar» diýlendir (2 Kor. 9:6). Näçe köp dileg etdigiňizçe, şonça-da bol miwe alarsyňyz. Aýalyňda, özüňizde we nikaňyzda Hudaýyň amala aşyrýan özgerşiklerini çalt göresiňiz gelse, onda belli bir bapda saklanmaga synanyşyň we birnäçe hepdäniň içinde berlen mowzuk boýunça günde dileg ediň. Özüňiziň we aýalyňyzyň ýüreginde özgerşikleriň bolup geçýändigine syn ediň. Käwagtlar menden: «Kimdir biri tarapyndan düzülen dilegleri aýtmaklyk bolarmy? Dilegiň hakyky bolary ýaly, beýlekileriň sözlerini gaýtalamakdan gaça durmaly dälmi näme?» diýip soraýarlar. Şeýle soraglara men adatça şeýle jogap berýän: «Kimdir biri tarapyndan ýazylan öwgi aýdymlaryny aýtmaklyk bolarmy?» Bolýandygyna men ynamlydyryn. Öz hususy öwgi aýdymlaryňy düzmeklik gaty ajaýyp we ol Hudaýa ýakymlydyr, ýöne siziň dilegleriňiziň we aýdymlaryňyzyň ýüregiňizde orun tapmaklygy has-da wajypdyr. Kimdir biri tarapyndan düzülen, emma özüňiziň hem oýlan dilegleri aýtmaklygy isleýärsiňizmi? Bu dilege Hudaýyň jogap berjekdigine ynanýarsyňyzmy? Eger bu soraglaryň birine siz kanagatlanarly jogap berseňiz, onda siziň dilegiňiz güýje eýedir. Kimiň ýazandygy hem wajyp däldir. Adatça ýanýoldaşymyz baradaky dileglerimizde biz iň gyssagly mätäçlikleriň çözgüdi barada dileg edýändiris we bu dogrudyr, emma şunuň bilen birlikde biz «goldaw dilegleri» diýlip atlandyrylýan dilegler hakynda ýadymyzdan çykarýandyrys. Şeýle dilegler kynçylygyň peýda bolmaklygyny duýdurýandyrlar. Olar gaharyň uçgunlaryny olaryň oduň dillerine öwrülip ýetişmänkä söndürýändirler. Bu kitapdaky dilegleriň aglabasy hut şeýle dileglerdir. Eger öz aýalyňyz hakynda towakgaçylyk edip, şu kitapda teklip edilen dilegleriň toplumyny bir ýylyň içinde birnäçe gezek ulanaýsaňyz, onda siziň nikaňyz täzelenip, sagaldylar, aýalyňyz bolsa, siziň şatlygyňyza, gaty bagtly bolar. Meniň teklip edýän dileglerimi ýa-da özüňiziň hususy dilegleriňizi ulanýandygyňyzyň hiç bir wajyplygy ýokdur. Iň esasy zat — dileg etmekligi bes etdirmäň, umydyňyzy ýitirmäň. Käwagtlar dilegleriň jogaplary gaty çalt gelýändir, emma köp ýagdaýlarda bu beýle däldir. Isa hemişe dileg edip, asla ruhdan düşmezlik hakynda aýdypdy (Luka 18:1). Dileg etmegiňizi dowam etdiriň we Hudaýyň jogabyny alarsyňyz. Ol jogabyň nähili görnüşde geljekdigi hakynda alada etmäň, çünki bu siziň aladaňyz däldir. Siziň meseläňiz — dileg etmeklik; dileglere jogap bermeklik — Hudaýyň işi. Oňa ynanyň we Ol Öz işini amala aşyrar. BIRINJI BAP. SIZ ÖÝLENDIŇIZ Biz bir gezek futbol oýnuna syn etdik we onda oýun meýdanynyň hojaýyny bolan komanda utulyp barýardy. Oýnuň gutarmagyna bolsa bary-ýogy on bäş sekunt galypdy. Oýnuň ýeňijileri bolmaklyk üçin utulýan komandanyň oýunçylary oýnuň gidijişini üýtgetmelidiler. Emma bary olaryň garşysynady we az wagt içinde oýny deňeşdirip, galyberse-de, ýeňmeklige hiç hili umyt ýokdy. Oýun gutaryp barýardy we garşydaşlaryň janköýerleri bireýýäm ýeňşi belleýärdiler, tomaşaçylar hem gitmäge howlugýardylar. Ýöne utulýan komandanyň oýunçylary we türgenleşdirijisi ruhdan düşmediler. Munuň deregine olar täsin oýny görkezip başladylar we birnäçe täsin hereketler bilen oýny deňeşdirip, oýnuň soňunda hatda öňe-de geçdiler. Bu şeýle bir geň ýagdaý boldy welin, hatda žurnalistler muny täsinlik diýip atlandyrdylar. Siziň nikaňyz şu futbol oýnuna meňzeşdir. Siz aýalyňyz bilen komandasyňyz we ähli zadyň darganynda, duşman bolsa şatlanynda, hiç hili umydyň-da galmanynda, aýalyňyz siziň ynamyňyzyň ýagdaýy üýtgetjekdigine ynamly bolmak isleýändir. Oýny düýpgöter üýtgedip, ýeňiji bolmaklyk üçin sizde ätiýaçlyk üçin saklanan usulyň bardygyna aýalyňyzyň ynamly bolmagy gaty wajypdyr. Ol siziň Hudaýa bil baglap, Onuň üçin mümkin bolmadyk zadyň ýokdugyna şübhelenmezligiňizi we kynçylyklaryň täsin ýagdaýda çözüljekdigine bolan umydyňyzy ýitirmezligiňizi isleýändir. Eger aýalyňyz siziň dileg edýändigiňizi bilýän bolsa, onda ähli zadyň çözüljekdigine ol ynamly bolýandyr. Meniň sorag eden aýallarymyň 85%-ti öz ärleriniň hakyky erkekler bolmaklaryny, olaryň Hudaýyň isleýşi ýaly maşgalalarynyň başy bolmaklaryny görmekligi isleýärler. Hut şundan hem dileg başlanmalydyr. «DILEGLERIŇIZIŇ BÖKDELMEZLIGI ÜÇIN» Dileg etmeklikdäki iň ajaýyp zat — bu dileg etmeklik üçin öz ýüregimizi Hudaýa açmaly bolýanlygymyzda jemlenendir. Biz mundan hiç hili edip hem gaça durup bilýän däldiris, diýmek, dürli günäli pikirler, nädogry hereketler, ýüregiň gazapdan doly bolmaklygy, men-menlikli islegler Hudaýyň öňünde boýun alynmalydyr. Hudaýa gyzgyn we çyn ýürekden edilýän dilegleri aýdanymyzda, bize çuňňur günälerimiz açylýandyr. Bu hemişe hem ýakymsyzdyr, käwagtlar bolsa kemsidijidir. Eger men şu wagta çenli bir zada öwrenen bolsam, onda bu birinji orunda şuňadyr, ýagny eger biz bagyşlamak islemesek, eger biz özümizi söýüji we tekepbir bolsak, eger bizi gahar we ýigrenç doldurýan bolsa, eger biz öz ýanýoldaşymyzdan daşlaşýan bolsak, onda biziň dileglerimiz jogapsyz galýandyr. «Eger ýüregimde ýamanlyga ýer beren bolsam, Reb meni eşitmezdi» (Mezmur 66:18). Biz dileg edenimizde, ýüreklerimiz arassa bolmalydyr. Biziň ählimiz — erkekler we aýallar, eger çyn ýürekden dileg etmeýän bolsak, onda öz-özümiň dilegimiziň güýjüni peseldýändiris. Öz dileglerimize jogap alyp-almaýandygymyz biziň dileglerimiziň manysyna däl-de, ýüregimiziň ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin hem biz Hudaýa dileg etmeklik bilen, ilkinji orunda Onuň bizden özümiziň kämil däldigimizi açyk boýun almagymyza garaşýandygyny we her hili ýamanlykdan azat etmekligini dilemelidigimizi ýadymyzda saklamalydyrys. Onuň şerti şeýledir; özümiz bilen Onuň arasynda hiç hili böwetleriň galmazlygyny Ol bizden talap edýändir. Injilde şeýle diýilýär: «Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň» (1 Petrus 3:7). Bu aýat ärleriň öz aýallaryny sylamaklaryny buýurýandyr. Diýmek, ärler öz aýallaryny sylamaklyk üçin olaryň goraga we söýgä mätäçdiklerini göz öňünde tutmalydyrlar. Aýal hem özüňiz ýaly Hudaýyň ýaşaýyş sylagyny aljakdyklary üçin siz öz pikirleriňizde, sözleriňizde we hereketleriňizde oňa hormat goýmalysyňyz. Eger siz muny etmeseňiz, onda dilegleriňizde, diňe bir aýalyňyz üçin däl-de, ähli edýän dilegleriňizde size böwet peýda bolar. Ençeme erkekler öz dileglerine jogap almadylar, çünki şu wagta çenli hem bu hakykata düşünmediler. Öz aýalyňa hormat goýmaklygyň iň oňat usuly — bu Hudaýyň öňünde arassa bolan ýüregiň bilen çynlakaý onuň üçin dileg etmeklikdir. Ýüregiňiziň törlerini özüňize görkezmegini Hudaýdan soraň. Belki-de, siziň nikaňyz ajaýypdyr we siz bagtlysyňyz, emma şonda-da siz belki öz aýalyňyza Hudaýyň isleýşi ýaly gatnaşyk edýän dälsiňiz. Hudaýyň size açýan ähli günäleriňizi Onuň öňünde boýun alyň. Hudaýyň öňünde özümiziň mynasyp bolmadyk pikirlerimiri we isleglerimiri boýun alyp, olar bilen göreşmeklik üçin biz Ondan kömek we güýç alýandyrys. Dileg edýän är üçin iň kyn ýagdaýyň aýaly hakynda dileg etmeklige wagt tapmaklyk däl-de, öz ýüregiňi Hudaýyň öňünde açmaklykdygyna siz düşünersiňiz. Şonuň üçin hem aýal hakynda dileg är hakyndaky dileg bilen başlanmalydyr. Gorkmaň, Hudaý dileg edýän aýallaryň hem şu hakykaty ýerine ýetirmeklerini talap edýändir. Ençeme aýallar bu baradaky gürrüňleri okan ýerlerinde, ellerindäki bu kitaby taşlap: «Ýok, beýle bolmaz! Men muny ýerine ýetirmäge synanyşjak hem däldirin!» diýendiklerini aýtdylar. Elbetde, tizara Mukaddes Ruh olary ruhlandyrypdyr we olar ýene-de bu kitaby ellerine alyp, okap başlapdyrlar. Eger siz: «Ýok, beýle bolmaz! Bu meniň üçin däl!» diýip, bu kitaby diwara oklajak bolsaňyz, onda ol işi hut şu wagt edäýiň. Bu kitaby siziň ýene-de eliňize aljakdygyňyzy men bilýärin, çünki siz jogapsyz galýan dileglerden tizara ýadarsyňyz. IKI ADAM BIR BITEWILIK ÝALY Hudaýyň Adam atany ýaradanynda, ähli mertebelerine seretmezden, erkegiň özüne laýyk bolan pikirdeşe we kömekçä mätäçdigini Ol bilýärdi (Gelip çykyş. 2:18 seret). Şonuň üçin Hudaý How enäni ýaratdy. Gadyrdan dogan, siziň ähli mertebeleriňize seretmezden, mertebeleriňiziň dowamy we bagtyňyzyň bolsa girewi bolary ýaly, Hudaý siziň üçin aýal ýaradypdyr. Siz hem aýalyňyz üçin şeýle bolmalysyňyz. Siz bilen siziň söýgüliňiz nika guranyňyzda, ikiňiziň «bir ten» bolýandygyňyzy Hudaý aýdýar (Gelip çykyş 2:24 seret). Ýanýoldaşymyz bilen biziň bir bitewilik bolmalydygymyzyň öňden kesgitlenendigi täsin dälmi ahyryn? Gatnaşyklarymyzyň başynda biz munuň bolup biljekdigi hakyndaky pikiriň dörändigini aňyp bilýändiris. Ikimiziň dostlardan ýakyn boljakdygymyza göz ýetirenimizde bolsa, ikimiziň bitewi bolmaklygymyz öňden kesgitlenendigi duýgusy bizde döreýär. Duşuşyklar döwründe biz birligi duýýandyrys. Toýuň öň ýanynda bolsa bir bitewi bolmaklyk hakynda biz bir-birimize wada berýäris, nika wadalarynda bolsa biz özümiziň bitewiligimiz hakynda şaýatlyk edýändiris. «Bal aýy» döwründe biz özümiziň bitewiligimiziň duýgusyndan ýaňa şatlanýandyrys. Maşgala ojagyny guranymyzda bolsa bizi tolgunma eýeleýändir. Onsoň bolsa bir-birimizden daşlaşmak posy biziň bitewiligimizi iýip başlaýandyr. Näme üçin bu beýle bolýar? Ine, munuň üç sebäbi: dünýä, ten we şeýtan. Dünýä biziň nikamyza çagalary terbiýelemegiň kynçylyklary, abraýa ylgamaklyk we gündelik aladalar arkaly täsir edýändir. Biz köp wagtymyzy ýanýoldaşymyza däl-de, ol kynçylyklara sarp etmäge başlaýandyrys. Beýlekiler barada alada etmekligiň deregine, biz özümiziň bagtymyz üçin alada edip başlanymyzda, tenimiz bizden üstün çykýandyr. Şeýle-de, şeýtan hem bardyr. Nika Hudaý tarapyndan berlendir we dünýäniň döredilişinden bäri bar bolup gelýändir. Şondan bäri hem şeýtan nika bozmaklyk islegini bes etdirenokdyr. Siz we siziň aýalyňyz Hudaýyň keşbinde ýaradylansyňyz (Gelip çykyş 1:27 seret). Şeýtan bolsa sizi öz keşbine geçirmek isleýändir. Ol siziň nikaňyzyň bagtly bolmagyny isleýän däldir we ony nädip dargatmalydygy hakynda oýlanýandyr. Emma size, gadyrdan dogan, duşmanyň bu hüjümlerini dileg arkaly saklamaklyk üçin güýç we ygtyýarlyk berlendir. Siziň aýalyňyz baradaky dilegleriňiz dünýäniň höweslerini boýuntyrykda saklaýandyr; dilegleriňiz özüni söýüji ýürekleri özgerdip, şeýtanyň niýetlerini puja çykarýandyr. Eger Hudaý size öz duşmanlaryňyz hakynda dileg etmekligi buýurýan bolsa, onda siziň onuň bilen öz durmuşyňyzy birleşdirip, ony ömürlik söýmäge çagyrylan adamyňyz hakynda dileg etmekgiňizi Ol neneň güýçli isleýändir! Emma ilki bilen siz özüňiz hakda dileg etmelisiňiz. HUDAÝYŇ ISLEÝŞI ÝALY ÄR BOLMAKLYGYŇ BÄŞ USULY Hudaý bize Öz Sözünde şeýle buýurýar: «…baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň» (1 Petrus 3:8). Bu bäş buýrugy ýerine ýetirmeklik siziň durmuşyňyzy we nikaňyzy özgerdip, sizi Hudaýyň işleýşi ýaly är edip bilýändir. Elbetde, şeýle är bolmaklyk üçin dileg etmeklik gerekdir. 1. Pikirdeş boluň Är-aýalyň arasynda uruş gideninde, bu gaty elhençdir. Bu bizi kemsidýändir; bu biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna hem täsir edýändir we belki-de, döwzaha alyp barýan bu dünýäde bolup biljek ýollaryň iň gysgasydyr. Eger bu ýagdaý uzak wagtlap dowam edýän bolsa, onda ähli zat dargap bilýändir. Isa: «Içinde bölünişik bolan islendik patyşalyk, şäher ýa-da öý berk durmaz» diýipdi (Matta 12:25). Gorkunç sözler. Emma dileg — bu ar-aýal gatnaşyklaryny saklamagyň açarydyr. Är-aýallar bir-birlerine garaşly bolman ýaşap, munuň üçin beýik baha tölemän bilmeýändirler. Bu olaryň ikilerini-de birleşdirýändir. «…Ýöne welin Rebde ne aýal erkeksiz, ne-de erkek aýalsyzdyr» (1 Kor. 11:11). Emma erkek bilen aýalyň birmeňzeş däldikleri sebäpli, olar özleriniň umumy ýollaryndan çykýandyrlar we her biri özleriniň hususy ýollary bilen ýöremäge başlaýandyrlar. Hatda iň berk är-aýal birleşiklerinde hem kämil ýanýoldaşlar bolýan däldirler. Aýalyňyz bilen siziň dürli hünärleriňiz, dürli gyzyklanmalaryňyz we dürli arzuwlaryňyz bardyr, emma siz mydama bir-biriňiz üçin dileg edýän bolsaňyz, onda gatnaşyklaryňyzdaky sazlaşygy saklaýansyňyz. Dilegde ýetip bolýan jan bilen teniň birleşmesi bolmasa, ýanýoldaşyňyň ýanyňda bolmazlygyna öwrenişmek örän ýeňil bolýandyr. Eger siziň biriňiziň ýüregiňize ýat bolmaklygyň kölegesi aralaşyp başlaýan bolsa, onda är ýa-da aýal näme bolýandygyna düşünmezden, öz ýanýoldaşyndan pikirinde ýa-da duýgularynda çetleşip başlaýandyr. Är-aýallaryň ikileriniň-de bir ynamda we bir pikirlerde bolmaklary gaty wajypdyr. Hut şundan hem öz dilegiňi başlamalysyň. Eger bu işde siz bile bolmasaňyz, onda siziň är-aýal gatnaşyklaryňyz üzülýändir. Mysal üçin, dürli ýygnaklara gatnamaklyk ýa-da bir ýanýoldaşyň islemeýän ýygnagyna gatnamaklyk, ýa-da ýanýoldaşlaryň biriniň ýygnaga gatnamagy, beýlekisiniň bolsa gatnamazlygy ýaly ýagdaýlar olaryň birleşiginiň üzülmegine eltýändir. Eger siz özüňizi aýalyňyz bilen daşlaşmaga eltýän başga-da sebäpleri bilýän bolsaňyz, onda olaryň öz är-aýal gatnaşyklaryňyzdan aýrylmagy üçin dileg ediň. Birleşigiňiziň dikelmegi üçin Hudaýyň aýalyňyzyň ýüregini üýtgetmegini diläň. Eger aýalyňyzyň keýpikökliginiň ýa-da onuň gözýetimleriniň üýtgemegi wajyp bolsa, onda bu barada dileg ediň. Eger siz öz pikirleriňizde bir bolup bilýän bolsaňyz, onda siziň nikaňyz oňatlygyň we ýagşylygyň mizemez diregi bolar. 2. Dertdeş boluň Aýalyňyzyň ejir çekeninde, siz özüňizi ýitirip, näme etjegiňizi bilmedik pursatlaryňyz boldumy? Käbir erkekleri şeýle ýagdaýlar gaharlandyrýandyr, beýlekiler bolsa özlerini ýitirip, çetleşmäge synanyşýandyrlar. Eger bu ýagdaý siziň hem nikaňyzda bolup geçýän bolsa, onda Hudaýdan dertdeş bolup bilýän ýürek diläň. Öz aýalyňa dertdeş bolmaklyk — bu oňa ejir berýän ähli zatlara çuňňur üns berip, aýalyňyzyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek islegi bilen oňa dertdeş bolmaklykdyr. Dertdeş bolmaklyk — diňlemekligi başarmaklyk diýmeklikdir. «Meniň has wajyp işlerim bar. Gürrüň beräý, ýöne gaty çalt» diýen bakyşyňyz bilen aýalyňyza seretmegiň deregine, ýanýoldaşyňyzy üns bilen diňlemeklige çalşyň. Ol özüniň ähli kynçylyklaryny siziň çözjekdigiňize umyt etmeýär, ol ýöne özüniň ýürek agyrysynyň we duýgularynyň siziň üçin biparh däldigini bilmek isleýändir. Öňler meniň ärimiň sabyrlylygy diňe üç sekunta ýeterdi (men ýörite wagt bellärdim) we diňe şol sekuntlaryň içinde ol meni diňläp bilerdi, soň bolsa meniň ýanymdan aýrylardy. Eger men öz pikirlerimiň ählisini oňa aýtmak islän bolsam, onda men onuň yzyndan ylgap ýetmeli bolardym ýa-da indiki duşuşygymyzda dowam etdirmeli bolardym. Hatda ony öňümde oturtmak maňa başardýan hem bolaýanynda-da, men ony özüme seretmäge mejbur edip, meni diňleýändigi hakynda onuň ýüzünde bir alamat gözlärdim. Adatça men Maýkldan: «Sen meni diňleýändigiňi bilmekligim üçin hiç bolmanda gözüňi gypaý» diýerdim. Häzir ol meni üns bilen diňlemegi başarýar we meni tolgundyrýan ähli zatlara gatnaşýar. Ünsüň we dertdeşligiň şeýle pursatlary biziň nikamyza oňat täsir edýändir. Siz özüňiziň aýalyňyza ünsli bolmaklygyňyzy we gerek bolan pursatlarynda ýanýoldaşyňyzy diňläp bilmekligiňizi öwretmekligi hakynda dilegleriňizde Hudaýdan soraň. Bu täsin sowgatdyr, geljekde ýene ösdürmeli bolan gaty peýdaly usuldyr. Ol siziň alnyňyzda arzuw hem etmedik mümkinçilikleriňizi açýandyr. 3. Doganýöýer boluň Biziň ähli kemçiliklerimize seretmezden, Isa bizi gyzgyn we wepalylyk bilen söýýändir. Eger Isanyň bizi söýşi ýaly är hem öz aýalyny söýýän bolmasa, onda ol özüni biabraý edip, maşgalanyň başy hökmünde özüni kemsidýändir. Hetijede bolsa aýalyny hem kemsidýändir. Aýalyňyz bilen bir bitewiligi emele getirýändigiňiz üçin siz ýanýoldaşyňyza edil özüňize bolşy kimin seretmelisiňiz. Siz bilgeşleýin özüňize zyýan ýetirip, öz teniňizi harlaýan dälsiňiz ahyryn! Siz teniňizi söýüp, ol hakda alada edýänsiňiz. «Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň…» (Efesl. 5:33) 23 ýylyň içinde biziň ýygnagymyzyň çopany bolan Jeýk Heýford şeýle diýýärdi, ýagny adamsynyň söýgüsini duýýan aýal ýyllaryň geçmegi bilen diňe owadanlaşýandyr. Ol içki owadanlygy göz öňünde tutupdy. Bu owadanlyk wagtyň geçmegi bilen solýan däldir, tersine, eger aýal söýülýän bolsa, onda ol owadanlyk has aýdyň bolýandyr. Siziň söýgiňiziň aýalyňyz üçin nähili uly mana eýedigini göz öňüne hem getirip bilýän dälsiňiz. Aýalyňyza bolan duýgularyňyzy gizlemäň, bolmasa siz ony ýitirersiňiz. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma» (Süleýmanyň tymsallary 3:27). Aýalyňyza bolan söýgüňizi güýçlendirmegini we aýalyňyzyň diňe owadanlaşmagy üçin gerek bolan duýgularyňyzy artdyrmagyny Hudaýdan diläň. 4. Rehimdar boluň Aýalyňyzyň özüni alyp barşynda sizi has-da näme howsala salýar? Belki-de, onuň sözleri we özüni alyp barşy sizi gaharlandyrýandyr? Öz aýalyňyzda bir zatlary üýtgetmek isleýärsiňizmi? Siz ony özbaşdak etmäge synanyşynyňyzda näme bolýar? Aýalyňyz siziň gaharyňyza nähili seredýär? Ähli zady taşlap: «Biderek. Aýalym hiç haçan hem üýtgemez» diýesiňiz geldimi? Üýtgemekligiň neneň kyndygyny biziň barymyz hem bilýändiris. Näçe synanyşýan hem bolsak, biz ony başarýan däldiris. Diňe Hudaýyň güýji bizi özgertmäge ukyplydyr. Şonuň üçin hem aýalyňyzyň häsiýetindäki üýtgeşikleri amala aşyrmagyň iň ýumşak we umytly serişdesi — bu dilegdir. Belki-de, siziň aýalyňyz hemişe gijä galýandyr, siz bolsa tertibi söýýän adamsyňyz. Aýalyňyzyň hereketlerinde ýaman pikiriň bolmazlygy hem ahmaldyr. Ol ýöne öz wagtyny tertipleşdirip bilýän däldir ýa-da özüniň başarnygyndan has artyk borçlary öz üstüne alýandyr. Aýalyňyzyň öz wagtyny tertipleşdirip bilmekligi we öz üstüne şonuň ýaly uly borçlary almazlygy öwrenmekligi hakynda dileg ediň. Nähili bolýandygyna seretmezden, özüňiziň gaharlanmagyňyza, aýalyňyz bilen gödek gürleşmeklige we ony kemsitmekligiňize ýol bermäň. Aýalyňyza bolan erbet sözler peýdaly bolmaz, siz bolsa isleýän netijäňize ýetip bilmersiňiz. Ýeke-täk peýdaly serişde — bu dilegdir. Aýalyňyzyň gowşaklyklaryny göreniňizde gaharlanmagyň deregine, onuň şol gowşaklyklardan azat bolup bilmekligi üçin dileg edip bileriňiz ýaly ýüregiňiziň ýumşak edilmegi hakynda Hudaýdan diläň. Ýanýolbaşyňyzyň gowşak taraplary nädip siziň güýçli taraplaryňyzy dolduryp biljekdigi hakynda Hudaýdan soraň. Ýadyňyzda saklaň: birmeňzeş häsiýetler sizi birleşdirýändir, araňyzdaky tapawutlar bolsa siziň aragatnaşyklaryňyza üýtgeşiklik girizýändir. 5. Kiçigöwünli boluň Dostuňyz ýa-da işdeşiňiz bilen gürrüňdeşlikde ýol bermeýän sesiňiziň gatylygy bilen aýalyňyz bilen gürleşýärsiňizmi? Belki-de, siz adamlary bilen bütin günüň içinde mähirli we hormatly gatnaşyk edip, öýde bolsa öz gaharyňyzy aýalyňyza dökýänsiňiz? Adamlaryň arasynda siz öz aýalyňyzy ýamanlamaga ýol berýärsiňizmi? Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda men siziň Hudaýdaky doganyňyz we ikiňizi hem söýýän dogan hökmünde, şu kitabyň sahypalarynda size çynlakaý duýduryş berjekdirin: HAÝAL ETMÄN SAKLANYŇ! Är-aýal durmuşy şonsuz hem kyndyr; hatda eger taraplaryň biri beýlekisine gödek daraşman ýa-da ünssüz bolmadyk bolsa-da, nika gaty kyndyr. Eger taraplaryň biri özüni gödek alyp baryp, beýlekisine hormat goýmaýan bolsa, onda nika ýerdäki döwzaha öwrülip bilýändir. Nikadaky taraplaryň biriniň beýlekisine hormatsyz we kiçigöwünli bolmagyndan başga hiç zat şunuň ýaly öýkelediji, azar beriji bolýan däldir. Men birnäçe dargan nikalarda äriniň ençeme ýyllaryň içinde aýalyna bolan gödek gatnaşygy netijesinde aýalyň ýapyk, gaharjaň we betbagt bolandygyny bilýärin. Başga sözler bilen aýdanymyzda, ol aýal özüniň bir ömür hem bolmajak adamyna öwrüldi. Biz ýanýoldaşymyza şeýle gatnaşyk etmelidiris welin, ýagny öz sözlerimiz we hereketlerimiz bilen oňa agyry ýetirmeli däldiris. Çuňňur, güýçli we uly täsir ediji erkek sesinden başga owadan zat bolaýmasa gerek. Birnäçe erkek sesleriniň birleşen owazyndan başga ajaýyp zat näme bolup bilýändir? Emma şol bir wagtyň özünde erkegiň sesi elhenç bolup, esasan-da aýallar we çagalar üçin elnenç bolup eşidilip bilýändir. Köp erkekler öz sesleriniň güýji hakynda hatda hiç hili düşünjä hem eýe däldirler. Erkek tarapyndan aýdylan sözler hem dikeltmeklik, hem-da dargatmaklyk güýjüne eýedir. Onuň sözleri edil ýiti pyçak kimin ýaralap hem bilýändir, şypa beriji we direldiji mumyýa kimin ulanylyp hem bilinýändir. Men siziň aýalyňyz bilen durmuşyňyzyň hähilidir bir kynçylyklaryny hakynda bilelikde maslahatlaşmaň diýýän däldirin, tersine, goý siziň pikirleriňiz we duýgularyňyz bir-biriňiz üçin açyk bolsun. Siziň sözleriňiz saklajak bolmaga synanyşýan ähli zatlaryňyzy ýumrudyjy garalamalaryň guraly bolmaklygyna ýol bermeli dälsiňiz. Käwagtlar sabyrsyzlygyň ýetmezçiligi ýa-da gaty ýadamaklyk zerarly biziň sözlerimiz erkimize bagly bolman ýamanlygy ýaýradyjy bolýandyr. Geliň, «Hudaýyň Patyşalygynyň sözde däl-de güýçdedigini» ýadymyzdan çykarmalyň (1 Kor. 4:20). Iň esasy zat siziň aýdýan sözleriňizde däl-de, ol sözlerdäki Hudaýyň güýjündedir. Bir agyr mesele boýunça gürrüňe başlamagyňyzdan ozal dileg edäýseňiz, onda siziň sözleriňiz çyn ýürekden çykýandyr, diýmek, siziň sözleriňiz güýje eýe bolarlar. Aýal size edil sylag hökmünde berlendir we onuň wezipesi — siziň dolduryjyňyz bolmaklykdyr, çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýändir: «…erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy» (1 Kor. 11:9). Şonuň üçin hem aýalyňyza edil siziň üçin beýik pata bolup biljek Hudaýyň sylagy hökmünde seretmelisiňiz. Eger siz aýalyňyzy söýüp, oňa hormat goýsaňyz, onda ol siziň üçin gymmatbaha gazanç bolup bilýändir. Bize: «Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris» diýlip, wada berlendir (1 Ýahýa 3:22). Aýalyňyz bilen edil Hudaýyň Özi bilen gepleşişiňiz ýaly hormat bilen dostlukly gepleşip bilmekligiňiz hakynda dileg ediň; eger aýalyňyz bilen gödek bolup, ony masgaralan bolsaňyz, onda günäňizi boýun alyp, ötünç soramaklygyňyza Hudaýyň kömek etmekligi hakynda dileg ediň. Bu bäş ýönekeý parzlary ýerine ýetirip bilmekligiňiz hakyndaky dileg siziň nikaňyzy düýpgöter özgerder. Hudaý siziň nikaňyzy oňat etmek isleýär. Hudaýyň bize «täzelenmekligi» buýurýandygy sebäpli, bizden hemişe hem ruhda ösmekligiň talap edilýändigi netijesine gelip bilýändiris (Rim. 12:2 seret). Bu ýerden, biziň her birimiziň kämillenmegimiziň netijesinde nikamyzyň hem kämilleşýändigi gelip çykýandyr. Söýgüden soňky öz aýalyňyzy bagtly edip bilýän zadyňyz — bu siziň içki bitewiligiňizdir. Siziň ýanýoldaşyňyzyň iň küýseýän arzuwy — bu siziň Hudaýyň ýaradyşyndakyňyz ýaly erkek bolmaklygyňyzdyr. Bu siziň hem islegiňiz bolmalydyr. Hudaý size uly güýç, akyl, özüňize ynamlylygy, ygtyýarlygy, owadanlygy we asyrlardan bäri her bir erkege mahsus bolan häsiýetleri sylag berendir. Hudaýyň özüňize beren sylaglaryny dogry ulanyp, Onuň şöhraty üçin hyzmat etmekligiňiz hakynda dileg ediň. Hudaý sizi aýalyňyz bilen bile bir bitewi ýeňiji komanda edendir. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Haýyş, özüňiziň şu aşakdakylar ýaly bolmaklygyňyz üçin dileg ediň: • Hudaýyň islegine laýyk är bolmaklygyňyz; • Aýalyňyzy nädip çyndan söýüp bilmekligiňiz; • Her bir çözgüdi kabul etmeli bolanyňyzda, Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy astynda bolmagyňyz; • Özüňizi gödek alyp barmaklygyňyzy bes etdirmekligiňiz; • Ýumrudyjy däl-de, dikeldiji sözleri aýtmaklygyňyz; • Öz aýalyňyz üçin dileg etmekligi islemegiňiz; • Ruhda ösüp, duýgularyňyzyň we aklyňyzyň berkemekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Ses ýazdyryjy guramasynyň işgäri we kompozitor bolan Maýkl Omartiýan gürrüň berýär. Ol aýaly Stormy bilen 28 ýyl nikada we olaryň üç sany uly çagalary bar. Ýaňy-ýakynda men öz äri tarapyndan bet gylyklary we hapa sözleri başyndan geçirmeli bolan bir aýal baradaky gaýgyly gürrüňi eşitdim. Ol nikada aýalyň pikiri hiç zada deňeşdirilipdir. Ol aýal özüni kemsidilen, söýülmeýän, biderek we bir zatlary üýtgetmäge güýji galmadyk ýaly duýupdyr. Şeýle ýagdaýlaryň mesihi maşgalalarda hem bolýandygy gaty elhençdir. Ähli gürrüň käbir erkekleriň Mukaddes Kitabyň käbir böleklerine geň düşünmeklerindedir. Ol nädogry düşündirişler şu soragda erkekleriň bilimsizdikleri we ol erkekleriň öýlerinde özlerini güýçli feodal ýaly duýmaklygy isleýändikleri sebäpli ýaýrandyrlar. Biziň döwrümizdäki aýallaryň hereketleriniň şeýle azatlyga eýe bolandyklary indi düşnükli. Özleriniň azat bolmaklyk üçin hereketleri sebäpli ençeme aýallaryň ejir çekendiklerine seretmezden, bu hadysanyň ilkinji sebäbine düşünmeklik çylşyrymly däldir. Eger biz, erkekler, Isanyň Öz Ýygnagyny söýşi ýaly, biz hem öz aýallarymyzy söýýän bolsadyk, onda bu ýagdaýy düýpgöter üýtgedip bilerdik. Men öz aýalymy şunuň ýaly söýüp biljekdigimi bilýändirin we muny başarmagym üçin dileg edýärin. Eger biz dileg etsek, onda biziň aýallarymyz üçin wajyp bolanlary, ýagny olary hormatlamagy, söýmegi we olara hemişe goldaw bermekligi Hudaýyň öwretjekdigine ynamlydyryn. Isa Ýygnak üçin öldi. Aýallarymyzyň bähbitlerini öz bähbitlerimizden hem ýokary goýup bilmekligimizi öwretmekligi üçin biziň ruhda ösmekligimize kömek etmegini Hudaýdan dilemelidiris. Diňe şonda biziň nikamyz özgerip biler. Dileg Eý Hudaý, mende tämiz ýürek ýarat, içime täzeden durnukly ruh ber (Mezmur 51:10 seret). Saňa ýaramadyk, esasan-da, aýalyma erbet täsir edýän pikirlerimi maňa aç. Meniň bagyşlap bilmeýänligimi ýazgar; hemişe aýdyň pikirlenip bilmegim üçin gahardan azat bolmaklygyma kömek et. Eger men mynasyp hereket etmeýän bolsam, onda özümi alyp barşymy üýtgetmäge kömek et. Maňa Seniň ähli aýan edenleriňi men günä hökmünde boýun alaryn we Senden ötünç soraryn. Meni aýalym üçin Öz ýüregiňe ýaraýan är et. Seniň isleýşiň ýaly maşgalamyň başy bolmaklygyma kömek et. Eý Hudaý, aýalymyň (aýalyňyzyň ady) üstünde dileg örtgüsini döretmegime kömek et. Onuň bilen bir pikirdeş bolup, dileglerimiň bökdelmezligi üçin aýalymy hormatlamagy öwret (1 Petrus 3:7 seret). Bir-birimize bolan söýgümizi täzele. Biziň birligimizdäki şypasyz galýan ýaralara şypa ber. Sabyrlyk, düşünje we dertdeş bolup bilmeklik ukybyny ber. Öz Sözüňde buýruşyň ýaly, meniň söýýän, dertdeş we doganýöýer är bolmaklygyma kömek et (1 Petrus 3:8 seret). Aýalymy Seniň söýşüň ýaly söýmekligi maňa öwret. Eý Hudaý, Senden dileýän: pikirlerimizde bir bolarymyz ýaly, biziň birligimizi dikelt. Maňa dogry hereket etmekligi öwret; agzyma şikes ýitirýän däl-de, şypa berýän sözleri sal. Meniň ýüregimi Öz söýgüňden şeýle bir doldur welin, goý, meniň agzymdan diňe abatlaýjy sözler çyksyn. Seniň ýoluňdan çykanymda, meni dogry ýola sal. Özüňiň isleýşiň ýaly adam we är bolmaklygyma kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar. Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn. Efes. 5:31, 33 Kim kanuny diňlemekden gulagyny sowýan bolsa, onuň dilegi-de ýigrenjidir. Süleýmanyň tymsallary 28:9 Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň. Efes. 5:25 Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dileg gaty güýçlüdir. Ýakup 5:16 Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. Efes. 5:28-29 IKINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ RUHY DURMUŞY Siziň aýalyňyzy maşyna meňzetmek bolýandyr. Bu maşyn her hili: sport üçin niýetlenen güýçli italýan maşyny, owadan gymmatbaha german maşyny, berk we ullakan maşyn ýa-da «Pebble Beach Concours d’Elegance»[2] konkursyna gaynaşyjy maşyny bolup bilýändir. Aýalyňyz güýçli altysilindrli ýa-da çalt ýöreýän gymmatbaha V-8 görnüşli maşyny alamatlandyryp hem bilýändir. Belki-de, siziň aýalyňyz hem her bir dört tigirli ýol ulagy ýaly daşky ýagdaýlara, mysal üçin, howa şertlerine baglydyr; ýa-da hatda oňat howada-da dagdan aşaklygyna ineninde, onuň (aýalyňyzyň) tormozy işlemän galmagy mümkindir. Aýalyňyzyň kiçigöwrümli amatly maşyna ýa-da uly göwrümli maşyna meňzeýändigine seretmezden, ol (ýagny aýalyňyz) hem her bir maşyn ýaly ýangyjyň ýeterli bolmagyna mätäçdir. Adamyň (şu ýagdaýda siziň aýalyňyzyň) içindäki ruh edil maşyndaky benzin ýaly täsir edýändir. Maşyn gaty ajaýyp reňke, içindäki ähli amatlyklara, owadan oturgyçlara eýe bolup bilýändir, emma oňa benzin guýmasaň, onda ol ýerinden gozganmaz. Onuň daşky görnüşi öňküsi ýaly owadanlygyna galyp biler, emma içki güýje eýe bolup bilmez. Siziň maşynyň üçin diňe bir ýeterli ýangyç däl-de, eýsem güýçli akkumulýator, arassalanan ýag, tormoz üçin suwuklyk we sowuk gijeler üçin ýeterli «antifriz» hem gerekdir. Eger Mukaddes Ruhdan günde dolýan bolmasak, onda biz bary-ýogy boş gaplar bolýandyrys. Siziň aýalyňyz «boş» gidip hem bilýändir we bu barada oýlanýan hem däldir. Käbir aýallar ýangyjyň görkezijilerine üsn hem bermeýärler, netijede bolsa ýangyjyň bireýýäm ýokdugyna göz ýetirip, haýran galýarlar. Eger aýal Hudaý bilen gündelik gepleşmeklik we Onuň Sözüni öwrenmeklik üçin wagt tapmaýan bolsa, onda ol aýagynyň astyndaky ýeri ýitirýändir we duşman ony öz eline alyp bilýändir. Belki-de, siziň aýalyňyz ynamda berk bolup, halas bolandygyna, Hudaýyň baky durmuşy wada berendigine, Onuň merhemetine we rehimdarlygyna şübhelenýän däldir. Emma özüne Hudaýyň gymmatbaha sylaglar berip, onuň üçin aýratyn bir zady taýýarlandygy babatda şeýtan onda şübheleri döredip bilýändir. Käwagtlar bolsa aýalyňyz şeýle soraglary berip başlaýandyr: «Dogrudan hem durmuşymda bolup geçýän zatlaryň bary meniň ýagşylygym üçinmikä?». Dürli waglarda özlerine edilýän hüjümleriň netijesinde aýallar güýçden gaçýarlar. Duşmanyň güýçli hüjümlerinuň netijesinde aýallaryň köplerinde fiziki we duýgy taýdan kynçylyklar döreýär, ýöne gurbanlaryň özleri bolsa ony aňyp hem bilýän däldirler. Ol kynçylyklaryň netijeleri özlerine kän garaşdyrmaz we hökman siziň nikaňyzda öz yzlaryny galdyrar. Aýalyňyzyň Hudaý bilen gatnaşygy siziň onuň bilen gatnaşyklaryňyza güýçli täsir edýändir. Siziň maşgalanyň başy bolandygyňyz sebäpli, hut size «duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berlen» (Luka 10:19 seret) we öz aýalyňyzy aldap, Hudaýyň Sözüni ýoýmaga siz oňa (duşmana) rugsat bermejekdigiňizi berk aýdyp bilersiňiz. Siz aýalyňyzyň hemişe ruhda gezmekligi, onuň duşmanyň aldawlaryny tanap, olary ret edip, diňe Hudaýyň sesine gulak asmaklygy hakynda dileg edip bilersiňiz. Meniň syn etmelerime esaslanyp, aýallaryň aglabasy diňe bir zat barada, ýagny özleriniň hakykatda gezmekleri üçin ärleriniň dileg etmekleri barada arzuw edýärler. Siziň aýalyňyz Hudaýyň özüne güýç bermekligini, Onuň bilen gatnaşyklarynyň berk bolup, ynamynyň yrgyldamazlygyny isleýändir. Aýalyňyz gündelik durmuşda böleklere «bölünýändigi» sebäpli, ol sabyrlylyga, söýgä, parahatlyga we Ruhuň beýleki miweleriniň hem öz durmuşlarynda bolmaklaryny isleýändirler. Siziň aýalyňyz Hudaýyň erkini bilip, oňa laýyklykda hereket edýändigine ynamly bolmak isleýändir. Özüni Hudaýyň nämä çagyrýandygyna anyk düşünmeklik we Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmeklik aýalyňyzyň ýüregini parahatlykdan doldurýandyr. Mysal üçin, eger aýalyňyzyň şu döwürde öýde oturyp, çagalara seretmegini Hudaý isleýän bolsa, onda bu işi hezillik bilen ederi ýaly, aýalyňyzyň muny Hudaýdan anyk eşitmegi wajypdyr. Siziň dilegleriňiz oňa Hudaýyň sesini eşitmäge we özüniň ýagdaýyna seretmezden, hezillik duýgusyna eýe bolmaklyga kömek edýändir. Är-aýal hökmünde ikiňiziň hem Hudaýa bil baglamaklygyňyz we munuň ikiňiz üçin hem oňatlygy sebäpli siz aýalyňyzyň hakykatda gezmekligi hakynda dileg etmelisiňiz. Şonda siz bir-biriňize umyt etmekligi bes etdirip, umytlaryňyzyň başa barmanynda lapykeçlikden gaçyp bilersiňiz. Şu günki syýahat üçin ähli gerek bolan zatlar bilen siziň aýalyňyz doly üpjün edilenmi? Onuň ruhy gaplary iň ýokary hilli «ýangyç» bilen doldurylanmy? Bu barada Hudaýdan diläň we Ol size jogap berer? AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Haýyş, aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Ynamda berkesin; • Ruhda össün; • Hudaýyň Sözüni okamaklyga we dileg etmeklige wagt tapsyn; • Düşgür we akylly bolsun; • Hudaýdan güýç alsyn; • Beýleki adamlar üçin yşyk bolsun; • Hudaýyň erkini bilip, ony amala aşyrsyn. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Yşyklandyryjy enjamlaryny satmaklyk bilen meşgullanýan firmanyň hojaýyny bolan Maýkl Goldstowun gürrüň berýär. Ol aýaly Debra bilen 28 ýyl nikadadyrlar we olaryň iki sany uly çagalary bilen bir agtyklary bardyr. Men aýalym üçin ençeme ýyllaryň içinde her gün diýen ýaly dileg etdim. Irden işli-işimize gitmezimiziň öň ýanynda men ony gujaklap, onuň üçin dileg edýärin. Onuň üçin aýratyn wajyp bolan zatlara men kän üns bermäge synanyşýandyryn. Mysal üçin, onuň saglygy, adamlar bilen gatnaşygy, onuň hyzmaty we duýgulary. Debrany gujaklap, men onuň üçin şu gün has wajyp bolan ýagdaýlar hakynda Hudaýa dileg edýärin. Men onuň howpsuzlygy hakynda, şeýle-de bütin gün özüniň ýanynda Hudaýyň bardygy bilmekligi üçin hem dileg edýändirin. Muňa bary-ýogy iki minut sarp edilýändir, emma men her gün irden öz etmeli işimi etmäge synanyşýandyryn. Hudaý hemişe ynamdardyr we meniň dileglerime jogap berýändir. Bu bolsa Debra üçin uly teselli bolup, ony goldaýandyr we meniň oňa bolan güýçli söýgimiň şaýatnamasy bolýandyr. Häzire çenli hem biz özümizi edil ýaňy nikalaşan ýaş är-aýallara meňzeýändiris — bize bile bolmaklyk gaty gyzykly we täsindir. Munda hut dilegiň uly rol oýnandygyny men bilýändirin. Dileg Eý Hudaý, meniň öz aýalymy neneň söýýändigime seretmezden, Sen ony güýçli söýýänsiň. Onuň ähli mätäçliklerini we ähli umytlaryny özümiň kanagatlandyryp bilmejekdigimi bilýändirin. Men Senden dileýän: oňa (aýalyňyzyň ady) Seni öňkülerinden-de güýçli tanamaklyk mümkinçiligini ber. Hiç haçan şübhelenmän we ikirjeňlenmän Seniň ýollaryň bilen ýöremeklik isleginde berk bolmaklygyna kömek et. Onuň ruhuny berket we özüniň ähli dileglerine Seniň jogap berýändigiňe bolan ynamda ösmekligine kömek et. Seniň üçin, Seniň Sözüňi okap, Saňa dileg etmeklik üçin günde wagt tapyp bilmekligi oňa öwret. Dileglerine görä aýalymyň isleglerini ýerine ýetirmekligiň üçin, goý, Seniň Sözüň onuň ýüreginde gizlenen bolsun (Ýahýa 15:7 seret). Seni çuňňur tanamaklygyna kömek et. Goý, ol Saňa edil öz maslahatçysyna kimin ýüzlensin. Oňa düşgürlik ber we Seni diňlemekligi öwret. Gapdalynda möwç urýan tupanlara seretmezden, Seniň goýan ýoluň boýunça gitmekligi üçin, bar ünsüni Sende jemlemegine kömek et. Meniň dileg etmekligim üçin onuň haçan Seniň Ruhuňdan dolmaly wagtyny maňa görkez. Ol Seniň keşbiňi öz dostlaryna we ýakynlaryna görkezmekligi isleýär, şonuň üçin hem adamlar bilen gatnaşygynda oňa sabyrlylyk ber. Seniň Ruhuňdan şeýli bir dolmaklyga kömek et welin, onuň bilen gürleşýän adamlar Seniň bardygyňy bilip bilsinler. Aýalymyň Saňa hyzmat etmek isleginiň bardygy men bilýärin, emma haçan «ýok» diýip aýgmalydygyny öwret we öz üstüne başarnygyndan kän jogapkärçiligi almazlygyna kömek et. Goý, ol öz işleri bilen Seni şöhratlandyrsyn. Seni tapan ýaşaýyş tapandyr we Seniň merhemetiňe eýe bolandyr diýlip ýazylandyr (Süleýmanyň tymsallary 8:35 seret). Şonuň üçin hem meniň aýalym hut şu gün Sende täze durmuşy tapyp, Seniň patalaryňa begensin. Seniň isleýşiň ýaly bolmaklygy üçin, onuň ähli işlerine ýolbaşçylyk et. Aýalyma Seniň erkiňi tanamaklygy öwret we goý, Seniň oňat we kämil bolan erkiň mydama aýalymyň durmuşynyň merkezinde bolsun. Öz aklyna bil baglaman, diňe Saňa bil baglap, Saňa ynanmaklygy oňa öwret. Goý, ol seni ähli ýollarynda tanasyn (Süleýmanyň tymsallary 3:5-6 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar. Matta 5:6 Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter. Ýahýa 15:7 Ýöne Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar. Ýahýa 4:14 …Bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: «Bu ýerden ol ýere göç» diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz. Matta 17:20 Mukaddes adyna buýsanyň, Rebbe sygynýanlaryň ýüregi şatlansyn. Mezmur 105:3 ÜÇÜNJI BAP. AÝALYŇYZYŇ DUÝGULARY Siziň aýalyňyzyň durkuny saz guraly bolan skripka deňeşdirmek bolýandyr. Ol gural oňat sazlananynda, özüniň täsin owazy bilen hemmeleri şatlandyrýandyr. Emma skripkanyň örän duýgur we daş-töwerekdäki täsirlere gaty baglydygy sebäpli, oňa zyýanyň ýetmegi örän aňsatdyr. Howanyň dürli üýtgemeleri, çyglylyk, hatda siziň üçin duýulmaýan dürli üýtgemeler hem oňa uly zyýan ýetirip bilýändir. Ol guralyň sazlygyny azajyk bozaýsaň, onda ony diňleýjiler gaty betbagt bolýandyrlar. Bir ýagdaýda skripka ajaýyp, baý we diňlemek üçin ýakymly ses berip bilýändir, beýleki ýagdaýda bolsa ol ýakymsyz, näsaz we gaharyňy getiriji ses berip bilýändir. Bu sesiň nähili boljakdygy — guralyň saklanyş şertlerine baglydyr, emma birinji orunda bu ol guralda oýnaýan sazandanyň ussatlygyna baglydyr. Eger siziň aýalyňyzyň duýgulary duşmanyň elinde bolsa, onda daş-töwerekde bar zat ýumrulýandyr we netijeleri bolsa gaty gaýgyly bolar. Emma eger sazanda Hudaýyň Özi bolsa, onda duýgular aýratyn baha eýe bolarlar we netijede siziň maşgalaňyzda parahatlyk höküm sürýändir. Siziň durmuşyňyza aýalyňyzyň duýgularynyň neneň güýçli täsir edýändigi size mälim bolsa gerek. Eger aýalyňyzy bir zat howsala salyp, ejir berýän bolsa, eger gahar we öýke ony bogýan bolsa, onda siziň özüňiz hem ol duýgularyň täsiri astynda bolýansyňyz. Erkekler bu ýagdaýa dürli seredýändirler. Käbirleri näme bolýandygyna düşünmänlerinden soň, hiç zat eşidesileri gelmän, gaýra çekilmäge synanyşýandyrlar. Beýlekileri bolsa aýallarynyň başlaryndan geçirmelerine üns bermejek bolup, olaryň tolgunmalarynyň netijesini mümkin boldugyça peseltmek isleýärler. Üçünjileri bolsa özleriniň durmuş ýagdaýlaryny gowulamaga çalşyp, şeýle etmeklik bilen bu geň kynçylyklary öz durmuşlaryndan öçürip taşlamak isleýändirler. Emma meniň pikirimçe, beýle hereketleriň sebäbi erkekleriň düşünmezliklerinde we bialaçsyzlyklarynda gizlenendir. Hut şu ýagdaýlardan baş alyp çykmaklyk erkekler üçin gaty kyndyr. Aýalyňyzyň duýgulary bilen baglanyşykly meseläni Hudaýa dileg etmeklikden başlamaklyk gowudyr. Hudaýdan aýalyňyzyň näme duýýandygyny görkezmegini sorap, bu düşünjä laýyklykda dileg etmekligi Hudaýyň öwretmegini soraň. Aýalyň duýgularyndaky köp zatlar özleriniň gözbaşlaryny onuň aklyndan alýandyrlar. Duşman siziň aýalyňyzy gaharlandyrýan, ejir çekdirýän, öýkeledýän we ony gorkuzýan pikirleri iýmitlendirýändir we bu agzalanlar öz gezeginde siziň aýalyňyzyň öz güýjüne şübhelenip, özüni ýeke duýmaklyga mejbur edýändir. Bu pikirleri Hudaýyň iberendigine şeýtan aýalyňyzy ynandyryp, öz durmuşy babatda Hudaýyň şu pikirleri ylham hökmünde oňa iberendigine ynandyrmaga çalyşýandyr. Şeýtan ýalany aýdyp, aýalyňyzyň aňyna aljyraňňylygy girizýärkä, Hudaý siziň dilegleriňizi ulanýandyr. Hut siziň dilegleriňiz arkaly Ol şeýtanyň ähli ýalanlaryny aradan aýryp, aýalyňyz üçin has wajyp bolan rahatlygy berýändir. Siziň dilegleriňize görä, aýalyňyzyň aňy açylýandyr, duýgulary oňatlaşýandyr, oňa hakykat açylyp, gözleri bolsa göni Hudaýa dikilýändir. Nika gurmazymyzdan ozal biziň özümiz ruhda ýetişen adamlar bolsadyk, onda biziň är-aýal durmuşymyz gaty oňat bolardy. Ýöne ruhda ýetişmeklik ýagdaýy bütin ömür dowat etmekligi mümkin, biz bolsa beýle kän garaşmak isleýän däldiris. Biziň ruhy sagalmagymyz üçin gerekli bolan şertler nikanyň özünde bardyr. Wepaly we şertsiz söýgä esaslanan aragatnaşyklarda bizdäki ýaralaryň salagdylmagy gaty çalp bolup geçýändir, çünki agyryny başyndan geçirýän adam şeýle ýagdaýlarda özüniň elnenç geçmişine göni bakyp bilýändir. Beýle adamyň öz duýgularyny gizlemekligi, özüniň bolşuny üýtgetmäge çalyşmaklygy ýa-da özüni hiç zat bolmaýan ýaly alyp barmaklygy hiç-de gerek däldir. Eger nikadan soň siz aýalyňyzy erbet duýgularyň eýeläp barýandygyna üns berip başlan bolsaňyz, aýalyňyzdaky ruhy sagalmanyň ýeňil bolmadyk döwründe, onuň üçin hut siziň goldaw bolmaklygyňyzy saýlandyklary pikirinden kanagatlanma tapmagy öwreniň. Ruhy agyryny diňe Hudaý ýeňilleşdirip bilýändir, çünki Ol daşdan däl-de, içden hereket edýändir. Siziň dilegleriňiz bolsa, aýalyňyzyň sagaldylmak ýagdaýynyň dowam edýän çagynda şeýtany ýaragsyzlandyrmaklyk üçin wajypdyr. Çagalygymda ýetirilen ruhy ýaralardan şypa tapanlygym üçin (bu barada men özümiň Stormy atly kitabymda gürrüň beripdim), aýallarynyň duýgular sebäpli depressiýa düşýänligi bilen aladalanan erkekleriň ençemesi menden bu barada soraýarlar. Olaryň biri erkekleriň umumy pikirini aýdyp, şeýle diýdi: «Aýalymyň depressiýa düşeninde, özümiň oňa nädip kömek etmelidigimi bilmeýärin. Men näme diýmeli? Onuň üçin men näme edip bilerin? Ýagdaýy üýtgetmäge meniň güýjüm ýetýän däldir». Oňa jogap edip, men şeýle diýdim: «Aýalyňyzyň duýgularynyň köpüsi onuň çagalygynda başdan geçiren gaýgylarynyň netijesinde dörändir. Muňa düşünmeklik siziň üçin kyndyr, çünki siz aýalyňyzyň ýaşan ýagdaýynda ýaşamadyňyz. Emma Hudaý siziň aýalyňyza şypa berip, ruhunyň sagdyn bolmaklygyny isleýändir. Şonuň üçin hem Ol bu synaglary hut şu wagt, ýagny onuň durmuşa çykanyndan soň iberýändir. Siz är hökmünde aýalyňyzy ruhy gorag bilen üpjün etmelisiňiz, ýagny onuň şypa tapmaklygy üçin şertleri döretmelisiňiz. Aýalyňyz üçin edip biljekleriňiziň iň oňady — sözleriňizde we hereketleriňizde beýan edilýän şertsiz söýgi bilen ony gurşap almaklygyňyzdyr. Siziň goldawyňyz aýalyňyz üçin ähli zatdan hem wajypdyr. Ol hakynda dileg edýändigiňizi, gerek bolanynda bolsa onuň özi bilen hem dileg etmäge taýýardygyňyzy aýdyň. Aýalyňyzyň duýgularyna düşünip, özüňizi dogry alyp barmaklygyňyzy Hudaýyň öwretmegini diläň. Aýalyňyzyň duýgularyna dogry düşünmekligi Hudaýyň özüňize öwretmekligi hakynda dileg etmeklik, onuň ruhy sagaldylmagy hakynda dileg etmeklikden pes derejede wajyp däldir. Aýalyňyz ýeňilligi duýup, sagalandygynyň alamatlaryny göreninde, ony ýeke we goldawsyz galdyrmaň». Aýalyňyz baradaky dilegiňiz Hudaýyň siziň aladaňyza tabşyran gymmatbaha saz guralynyň hemişe-de kämil sazlanan bolmaklygyna uly täsir edýändir. Bu bolsa öz gezeginde siziň öýüňizde täsin sazyň hiç haçan hem tükenmejekdigini wada berýändir. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Ruhy deňagramlylyga eýe bolmaklygy; • Güýçli we aýdyň aňly bolmaklygy; • Özi baradaky ýalana ynanmazlygy; • Siziň söýgiňiziň gujagynda özüni howsuzlykda duýmaklygy; • Hudaý bilen gepleşikden şatlyga eýe bolmaklygy; • Onuň duýgularyna düşünýändigiňizden şatlanmagy; • Kalbynda rahatlyk tapmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY The Church on the Way («Ýol urgundaky Ýygnak») Ýygnagyny esaslandyryjy we onuň çopany, Şa kollejiniň we Los-Anjelesdäki (Kaliforniýa ştaty) ruhy seminariýanyň rektory. Ol aýaly Anna bilen 47 ýyl nikada. Dört uly çagalary we on iki agtyklary bar. Dileg ediji är bolan meniň öz aýalym Anna üçin nähili dileg edýändigim barada köp soraýarlar. Biraz oýlanmalardan soň men bir wajyp zada düşündim: aýalym üçin dilegiň iň jogapkärli pursatlarynda men ilki bilen özüm üçin dileg etmelidirin. Men şu aşakdakylar üçin dileg etmelidirin: • Aýalyma berk arkadaýanç bolarym ýaly, onuň seredişi kimin ýagdaýa özümiň hem seredip bilmekligim, ýagny onuň duýgularyna düşünip, kynçylyga onuň gözleri bilen seredip bilmekligim üçin; • Ýeterli sabyrlylyga we rehimdarlyga eýe bolmaklygym, Isanyň «biziň ejizliklerimize gynanyp bilşi» kimin özümiň hem aýalyma gynanyp bilmekligim üçin (Ýewreýlere hat 4:15 seret). Biziň bilelikdäki bütin durmuşymyzda Mukaddes Ruh Isanyň Ýygnagy söýşi kimin, meniň hem öz aýalymy söýmekligimiň onuň duýgularyna ünsli bolmaklygymdygyny öwretdi (Efes. 5:25 seret). Kyrk ýyldan-da gowrak bilelikdäki durmuşymyzyň içinde men her gün Anna üçin dileg etdim we aýalym üçin edip biljek iň uly zadymyň öz ýüregimi Mukaddes Ruhuň ýumşatmaklygyna, Annany tolgundyrýan her bir ýagdaýa, ýagny onuň maksatlaryna, şatlyklaryna, şübhelerine, lapykeçliklerine we mätäçliklerine bolsa ünsli bolmaklygyma öwretmekligine rugsat bermelidigime düşündim. Şeýle dileg bir şertiň hökman ýerine ýetirilmegini talap edýändir — meniň ýüregim Annanyň öňünde arassa bolmalydyr. Durmuşda her hili ýagdaýlaryň bolmaklygy mümkin, mysal üçin, gündäki işiň agyry netijesinde döreýän ýadawlylyk, meniň erkeklik häsiýetlerim bilen ýanýoldaşymyň aýallyk häsiýetleriniň deň gelmezligi netijesinde dörän sabyrsyzlyk. Ýöne bulara seretmezden, men duýgulara ýol bermeli däldirin, çünki olar meniň aýalym üçin dileg edip, oňa düşünmekligime, oňa gynanyp, kömek bermekligime päsgel berýändirler. Bularyň bary maňa ýeňillik bilen çalt başartmady. Emma meniň synanyşyklaryma Annanyň düşünmeklik bilen seredenligi üçin, men köp zatlara eýe bolup bildim! Munda men aýalymyň meniň üçin dilegleriniň hereketlidigine ýene bir subutnama görýärin! Dileg Eý Hudaý, men aýalym üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Sen oňa çuňňur oýlanmaklyk we duýmaklyk ukyplaryny beripsiň. Muny onuň özüniň ýagşylygy üçin edendigiňi men bilýärin, emma men bu sylaglary şeýtanyň ýamanlyk üçin ulanmaklyk isleýändigini hem bilýändirin. Şeýtanyň niýetlerini maňa aýan et we men olara laýyklykda dogry hereket edip bileýin. Meniň aýalyma (aýalyňyzyň ady) «gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendigiň» üçin Saňa minnetdarlyk bildirýän (2 Tim. 1:7 seret). Aýalymy ýalanyň atasyndan gora we «Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir etdirmegine» kömek et (2 Kor. 10:5 seret). Özi barada bilenleriniň baryna seresaplyk bilen seretmekligine kömek et. Oňa özi baradaky, özüniň durmuşy we geljegi baradaky ýalany çaltlyk bilen aňmaklyk ukybyny ber. Aňyndaky gidýän söweşi görüp bilmekligine kömek et we duşmanyň niýetlerine düşünip bilmekligi öwret. Ruhy söweşi alyp barmaklykda Seniň kararlaryň boýunça hereket etmekligine we ruhy gylyç bolan Seniň Sözüňe bil baglamaklygy öwret (Efes. 6:17 seret). Lapykeç ediji, gaharlandyryjy we howsalaly pikirlere batmagyň deregine, goý, aýalym Saňa ýüzlensin. Ruhy söweşi görüp, onuň manysyna düşünip bilmekligimi maňa öwret we men aýalymyň ähli pikirleri we duýgulary hakynda aç-açan gürrüň edip bileýin. Duşmanyň öz aramyzda bolup, biziň gatnaşyklarymyza düşünmesizligi we bitertipligi salmazlygy üçin, kynçylyklarymyz barada aç-açan gürrüň edip bilmekligimize kömek et. Aýalymyň özüni alyp barşyna dogry hereket etmekligime kömek et. Düşünmesizlik ýagdaýlarynda men aýalymdan gaça durman, sabyrly we gynançly bolaýyn. Goý, meniň dilegim aýalymyň duýguly ýagdaýlary üçin iň soňky serişde däl-de, meniň ilkinji etjek hereketim bolsun. Men aýalymyň ähli talaplaryny ýerine ýetirip bilýän däldirin, emma Seniň muny başarjakdygyňy bilýändirin. Men aýalymdan we onuň mätäçliklerinden gaça durmaklygy isleýän däldirin, emma olaryň käbirlerini diňe Seniň ýerine ýetirip biljekdigiňi men bilýändirin. Kesgitli ýaman duýgularyň aýalymyň bagtyny howp astyna salanynda, goý, ol ilki bilen Saňa ýüzlensin. Çünki diňe sen ony olardan azat edip bilýänsiň. Eý Hudaý, Senden haýyş edýän, ony Öz huzuryňyň gizlin ýerinde gizle (Mezmur 31:20 seret). Eý Hudaý, Senden haýyş edýän: meniň aýalymyň janyny täzele (Mezmur 23:3 seret), özüni Seniň we meniň söýgümde rahat we howosuzlykda duýup bilmekligi üçin onuň ýüreginiň agyrylaryna şypa berip, ýaralaryny daň (Mezmur 147:3 seret). Ony her hili gorkulardan, şübhelerden we lapykeçlikden azat et we aňynyň aýdyň bolmaklygyny, şatlyk we parahatlyk ber. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr. Süleýmanyň tymsallary 4:23 Reb bendelerini azat edýndir, Oňa sygynýanlaryň hiç biri höküm edilmez. Mezmur 33:23 Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň. Rimliler 12:2 Tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr. Rimliler 8:6 Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz. Luka 21:19 DÖRDÜNJI BAP. AÝALYŇYZYŇ ENELIGI Erkegiň işi bilen bary düşnükli. Ol haçan özüniň işiniň başlap, haçan hem gutarýandygyny bilýändir. Ol haçan nämede üstünlik gazandygyny we haçan nämede üntünlik gazanmadygyny bilýändir. Ol hemişe-de özüne gelýän hasaplaryň, ýagny ulanylan hyzmat üçin tölegleriň baryny jikme-jik bilýändir. Iň esasy işi «enelik» bolan aýal bolsa bular hakynda hiç zat hem bilýän däldir. Ol hem gije, hem-de gündiz işleýändir. Onuň iş wagty çäkli däldir, aladalary bolsa tükenýän däldir. Ol näsaglygy boýunça işinden galýan däldir, eger dynç alasy geläýeninde-de, ol işlerinden elini üzüp bilýän däldir. Onuň işi ýokary hünärmentligi talap edýändir, okamaklyk bolsa oňa diňe öz ýalňyşlyklary arkaly başardýandyr. Ol öz zähmetiniň netijesini görüp bilýän däldir, hatda bu wezipä belleneninden 25 ýyl geçäýeninde-de, ol özüniň ençeme ýyllap çeken zähmetiniň üstünlikli bolup-bolmajakdygyny anyk bilýän däldir. Onuň zähmetiniň haky gaty ujypsyzdyr, belki-de, hiç-de tölenmeýändir. Iş ýüzünde bolsa, onyň zähmeti gaty beýik hormata eýedir. Aýallar bilen gürrüňdeş bolup, men olaryň durmuşlarynyň iň esasy üç taraplarynyň (ruhy we duýgular ýagdaýlaryndan soň) bardygyny bildim — bu-da olaryň eneligidir. Olar özleriniň mynasyp ene bolmaklary üçin ärleriniň dileg etmeklerini isleýändirler. Aýallar üçin çagalary terbiýelemek meselesinde, çagalary üçin oňat ene, äri üçin bolsa oňat aýal bolmaklygyň ortarasyny tapyp bilmeklik gaty wajypdyr. Bu ortara üçin söweşi günde her bir ene alyp barmaly bolýandyr. Özüniň bu barada ses bilen aýdyp-aýtmaýandygyna seretmezden, ol ýa-da ärine, ýa-da çagalaryna ýeterli üns berip bilmändiginde özüni günäkärleýändir. Olara berilýär ünsüň wagtynyň deňeşdirilmeginiň manysy ýokdur. Çünki özbaşdak bolan är bilen kömege mätäç bolan çagany deňeşdirip bolýan däldir. Adamsynyň özbaşdak geýnip, ertirlik naharyny edinip, işine gidip bilýändigini aýaly bilýändir. Äri özbaşdak karar kabul edip bilýändir. Çagalary üçin bolsa ene hökmünde aýal hemişe gerekdir. Şeýle-de, çaga näçe kiçi bolsa, onuň enäniň aladasyna bolan talaplary hem ýitidir. Beýleki borçlar bilen tapawutlylykda, enäniň borçlary başga biriniň egnine atylyp bilinýän däldir. Siziň aýalyňyz özine sazlaşygy berip bilýän dilegleriňize mätäçdir. Eger ol muňa eýe bolup bilse, onda siziň bütin maşgalaňyz utuşa, gaty uly utuşa eýe bolýandyr. Çagalary terbiýelemek işiniň aýalyňyz üçin göterip bolmaýan ýük bolup ýetişmänkä, siziň dilegleriňiz ol işi ýeňilleşdirýändir. Iň esasy zat — siziň dilegleriňiz arkaly Hudaý işläp başlaýandyr. Munuň netijesinde çagalary terbiýelemek aýalyňyz üçin şatlykly işi bolýandyr, ýüreginde bolsa doly parahatlyk bolýandyr. Çagalar bilen meşgul bolýarka, aýalyňyzyň ýüreginde mydama Hudaýyň parahatlygynyň bolmaklygy gaty wajypdyr, çünki ol parahatlyk bolmasa, onda çagalaryň uly ýaşa ýetip, ata öýlerini taşlamaklyk gününi başyndan geçirip bilmez. Eneligiň aýalyňyz üçin näme boljakdygy göni siziň dilegleriňize baglydyr: enelik aýalyňyz üçin şatlyksyz we agyr borç ýa-da bütin durmuşynda şatlyk getirýän iş bolar. ÇAGASYZ AÝALYŇ AGYRYSY Her bir aýala onuň doglanyndan kesgitlenen wezipäni ýerine ýetirmeklik islegi berlendir. Beýleki zatlardan başga-da, aýalyň bedeni çaga dogurmaklyk üçin ýaradylandyr; aýalyň elleri oňa çagany götermeklik üçin berlendir we eger ol eller uzak wagtlap boş galýan bolsa, onda aýalyň ýüreginde-de boşluk emele gelýändir. Hatda nähilidir bir sebäplere görä çaga edenmezligi karar kabul eden aýallar hem wagtal-wagtal ellerinde çaga götermekligiň ýiti islegini duýýandyrlar. Hususy çagalary edinmegi güýçli küýseýän, emma şeýle mümkinçilikden jyda düşen beýleki aýallar bolsa şeýle bir ýiti agyryny duýýandyrlar welin, ony diňe Hudaý ýeňilleşdirip bilýändir. Mukaddes Kitapda önelgesiz ýatgynyň hiç haçan hem rahatlyk tapmaýandygy hakynda ýazylandyr (Süleýmanyň tymsallary 30:15-16 seret). Eger siziň aýalyňyz ene bolmaklygy isläp, emma bolup bilmeýän bolsa, onda hatda ol bu gaýgysy hakynda size hiç zat aýtmaýan hem bolsa, aýalyňyzyň teselli tapmaklygy üçin dileg ediň. Eger siz aýalyňyz bilen çaga edinmezligi çözen bolsaňyz we bu Hudaýyň erkine garşy bolmaýan bolsa, onda bary oňatdyr. Emma siziň biriňiz çaga isläp, beýlekiňiz bolsa islemeýän bolsaňyz, onda siz lapykeçlik, umytsyzlyk we belki-de aýrylyşmaklyk ýolunda dursuňyz. Ýöne siziň jedelleşmegiňizi Hudaý isleýän däldir. Şonuň üçin hem eger siz aýalyňyz bilen bir pikire gelip bilmeýän bolsaňyz, onda bilelikde bütin ýüregiňiz bilen Hudaýy gözläp, bir-biriňize düşünip bilmekligiňiz we Hudaýyň erki boýunça karar kabul edip bilmekligiňiz üçin dileg etmelisiňiz. Aýallar bilen geçirilen soragnamanyň netijeleri gaty täsin: aýallaryň iň bir güýçli islegi — bu çaga edinmeklikdir. Şonuň üçin hem bu soragyň doly çözülmekligi üçin özüňiziň we aýalyňyzyň tenlerinde gerek bolan üýtgeşikleri geçirmekligi hakynda Hudaýdan diläň. Hiç haçan hem ruhdan düşmäň. Men ençeme ýyllap çaga hakynda Hudaýa dileg edip, onsoň täsin ýagdaýda Ondan jogap alan adamlaryň ençemelerini bilýärin. Hudaýdan täsinlige garaşýan ärleriň we aýallaryň uzak wagtlap we ýalynly dilegleri bolmasady, onda onuň ýaly täsin jogaplar alynmazdy. Adatça beýik täsinlikler bütin kalplary bilen olara garaşýan adamlaryň durmuşlarynda bolup geçýändir. IŞLEÝÄN ENE Çaganyň doglanyndan başlap, siziň aýalyňyzda özüni günäli duýmaklyk ýagdaýy döreýändir («Elimden gelenleriň baryny etdimmikä?», «Çendenaşa dyrjaşmadymmyka?»). Emma siziň aýalyňyz we çagalaryňyzyň ejesi öý işlerinden daşary işleýän hem bolsa, onda özüni günäli duýmaklyk duýgusy ony mydama yzarlaýandyr. Çagalaryň doglanyndan ýa-da maşgalada peýda bolanlaryndan başlap, aýalyňyzyň durmuşynda onuň ýüregi mydama olar bilendir. Şonuň üçin hem aýalyňyz çagalaryňyz bilen uzak wagtlap aýralygy gaty kyn başyndan geçirýändir. Çagalaryň mekdepden gelenlerinde olary garşy almazlyk, olaryň okap, täze zatlary tanaýan wagtlarynda, olar bilen bolmazlyk, çagasy keselläninde «kesel sebäpli işden rugsat almazlyk», çaga bilen sport ýaryşlaryna, sahnalara, dürli oýunlara gatnamazlyk, onuň bilen ýöriş etmezlik, bulardan başga-da, özüniň çagalarynyň aladasyny etmeli adamyň başarjaňlygy hakynda howsala düşmeklik — bularyň bary enä agyry ýetirmän, onda özüni günäli duýmaklyk duýgularyny oýarman bilýän däldir. Aýalyň näçe oňat we wepaly ene bolýandygyna, çagalary terbiýelemek meselesinde-de ökde bolýandygyna seretmezden, ol has-da kämil ene bolmaklyk baradaky dileglere mätäçdir. Işleýän eneler bolsa şeýle dileglere has-da mätäçdirler, çünki olaryň ýükleri agyrrakdyr, wagtlary bolsa azrakdyr. Eger siziň aýalyňyz işleýän bolsa, onda onuň çagalaryňyz bilen meşgullanmaga köpräk wagt tapmaklygy üçin dileg ediň. Onuň az işlemekligi ýa-da işini taşlamaklygy üçin dileg ediň; özüni höküm etmeklik ýükünden doly azat bolmaklygy üçin dileg ediň. ATALAR HEM ÖZLERINI GÜNÄKÄR DUÝÝANDYRLAR Maňa tanyş bolan erkekleriň her biriniň öz çagalarynyň durmuşlaryna köpräk gatnaşmaklygy we işiniň köp wagt sarp edýändigi zerarly özlerini günäkär duýýandyklaryny bilýärin. Elbetde, erkek işläp, öz maşgalasyny eklemelidir. Bu gaty oňat. Ýöne erkekleriň güýçleri we maşgalalarynyň gowulygy üçin edýän aladalary ýerlikli bahalandyrylýan däldir. Jemgyýet erkegi üstünlige ymtylmaga mejbur edip, oňa güýçli täsir edýändir, eger-de ol üstünlige eýe bolup bilmese, onda gaty lapykeç bolýandyr we özüni şowsuz, ýakyn adamlarynyň umytlaryny aklap bilmedik adam hasaplaýandyr. Beýleki sebäpler bilen birlikde bu meni Dileg edýän aýalyň güýji atly kitaby ýazmaklyga ruhlandyrdy, çünki ärleriň öz aýallarynyň dileglerine güýçli mätäçdiklerini bilýändirin. Ähli ýokarda aýdylanlardan soň men bolan maşgalanyň atasy sizi ruhlandyrmak isleýärin we siziň öýde bolmaklygyňyzyň gaty wajypdygyny aýdasym gelýär. Bu siziň oýlanyşyňyzdan hem wajypdyr. Siz öýde bolanyňyzda, siziň ýakynlaryňyz özlerini howpsuzlykda, söýgi we aladanyň özlerini gurşandyklaryny duýýandyrlar. Eger siz çagalaryňyz bilen bolmaklyga, olary gözlerine seretmeklige, olaryň kynçylyklary barada gürrüňleşmäge we olary ruhlandyrmaga wagt tapaýsaňyz bolsa, olar özlerini gerekli we söýgüli duýýandyrlar. Çagalaryňyzyň durmuşlarynda siziň bolmaklygyňyzyň olar üçin neneň uly goldawdygyny siz göz öňüňize getirip hem bilýän dälsiňiz. Çagalaryňyz bilen ýakyn bolmaklygyň, olaryň gündelik işlerine gatnaşyjy bolup, şol bir wagtyň özünde olaryň mätäçliklerini kanagatlandyryp bilmekligiňiziň serişdesi bardyr. Ol serişde — siziň olar üçin edýän dilegiňizdir. Elbetde, dileg siziň çagalaryňyz bilen şahsy gepleşigiňizi çalşyp bilýän däldir, çünki çagalara kaka hemmelerden hem güýçli gerekdir. Şeýle-de, siziň çagalaryňyz bilen bilelikde dileg etmekligiňiz olar üçin gaty wajypdyr. Eger siz syýahata gitmeli bolsaňyz, onda onuň üçin dileg etjekdigiňizi her çagaňyza aýdyň we näme üçin dileg etmelidigiňiz hakynda çagaňyzdan soraň. Günüň dowamynda her çagaňyz üçin birnäçe gezek dileg ediň we olar öz durmuşlarynda siziň we Hudaýyň bardygyny duýarlar. Munda uly güýç bardyr. Eger çagalaryňyz üçin aýalyňyz bilen bile dileg edýän bolsaňyz, bu gaty gowy. Çünki: «…eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer…» diýlendir (Matta 18:19). «Eger bir adam müňüsini kowalaýan bolsa, ikisi bolsa on müňüsini» (Kanun taglymaty 32:30 seret), onda çagalaryňyz üçin aýalyňyz bilen bile edýän dilegiňiziň nähili güýje eýe bolup biljekdigini göz öňüňize getiriň! Her bir çagaňyz barada aýalyňyzyň näme pikir edýändigini ondan soraň, çünki siziň gündelik işleriňiz bilen üns bermedik her ýagdaý aýalyňyz üçin aýandyr. Aýalyňyz çagalaryňyzyň ähli kynçylyklaryny, gowşaklyklaryny we oňat taraplaryny bilýändir we ata hökmünde siziň hem bilmekligiňizi isleýändir. Çagalaryňyz hakynda dileg edýändigi hakyndaky pikir aýalyňyza rahatlyk we şatlyk getirýändir. Işiňiz üçin sylagyň näçe uly bolýandygyna seretmezden, aýalyňyzyň we çagalaryňyz üçin sarp edilen wagt ondan-da gymmatbahadyr. Ol wagtyň bahasy ýokdur. Olar üçin dileg etmeklik bilen siz özüňiziň umumy geljegiňize goşant goşýansyňyz, çünki baýlygy göklerde ýygnaýansyňyz. Aýalyňyzyň çagalaryňyzyň ejesi hökmünde ýerine ýetirýän işiniň bahasy hakynda gürrüň edilende bolsa, men bu bilen baglanyşykda adamsymyň Donna Sammer bilen ýazan aýdymyndan bir setiri ýatlasym gelýär: «Aýal kän hyzmat edip, kän gazanýandyr, şonuň üçin hem oňa hormat goýuň». Dileg ediň, dileg ediň, dileg ediň! AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Çagalary terbiýelemek işinde Hudaý oňa ýolbaşçylyk etsin; • Çagalary terbiýelemekde ol sabyrly bolsun; • Çagalary terbiýelemekde ol akylly bolsun; • Ol çagalary Hudaýy tanamaklyga öwretsin; • Her bir çaga üçin nähili dileg etmelidigini bilsin; • Özüni çagalapyň diňläp, hormat goýmaklaryna öwretsin; • Onuň çagalary ulananlarynda, özi üçin uly pata bolsunlar. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Aýdymçy we kompozitir Stiwen Kertis Çapmen gürrüň berýär. Ol aýaly Meri Bet bilen 16 ýyl nikada we olaryň dört çalary bardyr. Biziň nikamyzda dilegiň güýjüniň ençeme gezek aýan bolandygyna seretmezden, iň täsin ýagdaý iki-üç ýyl mundan ozal bolup geçdi. Biziň 13 ýaşly gyzymyz bolan Emili bir gyzjagazy çagamyz hökmünde kabul etmekligimizi isleýändigini ençeme gezek aýdýardy. Çagalary öz maşgalalaryna kabul eden maşgalalara bolan hormatymyza we söýgümize seretmezden, öz maşgalalaryna birnäçe çagalary kabul eden ýakyn dostlarymyzy goldaýandygymaza seretmezden, biziň rolumyzyň beýlekilere diňe bir goldaw bermeklik bilen çäklenmeli däldigine aýalym berk ynamlydy. Galyberse-de, men öz maşgalamyzda höküm sürýän söýgä mätäç bolan bir çagany kabul etmeklik barada öňden bäri oýlanýardym. Ýetim we dul galanlar hakynda biziň alada etmekligimizi salgy berýän resul Ýakubyň haty barada men käte-käte oýlanýardym we öz arzuwymyň amala aşmaklygy hakynda pikirlenýärdim. 1999-njy ýylyň baharynda meni bir agşama çagyrdylar we men ol ýerde mugt çykyş etmelidim, çünki şol agşamy kabul edilen çagalara kömek etmeklik bilen meşgullanýan bir gurama gurnan eken. Biz şol guramanyň durmuşyna ençeme gezek gatnaşdyk. Meniň ýanymda gyzym Emili hem bardy, Meri bolsa şol agşam biziň oglanlarymyz bilen meşgullanyp, gelip bilmändi. Şol agşam Emili çaga kabul etmeklik hakynda bir topbak kitaplary öýe getirip, Hytaýda çagalary kabul etmeklik üçin maşgalalaryň ýetmezçilik edýändigi hakynda aýtdy. Öňler Emiliniň bu sorag hakynda getirýän ähli kitaplaryny Meri okaryn diýip wada bererdi, ýöne bu işiň özi üçin däldigini aýalym aýdardy. Şonda biz dileg edip başladyk. Biz ençeme wagtyň içinde dileg etdik, emma bu ýagdaýa güýçli gatnaşyjylaryň men bilen Emili bolandygyny aýtmalydyryn. Meniň doly taýýarlygyma we hereket etmeklige bolan islegime seretmezden, Meriniň ýüregini üýtgedip we ony rahatlykdan bolduryp, bu ädimi ätmeklige isleg berip bilýän Hudaýyň ara düşmekliginiň wajypdygyna düşünýärdim. Meriniň özi bolsa, söýgi bilen rehimdarlygyň ýetmezçilik edip, kabul edilen çagany özümiziň üç çagamyz kimin söýüp bilmerin diýip gaty gorkýardy. Bu gapma-garşylyklar bilen ol nädip göreşip bilerdi, galyberse-de, çaga kabul etmeklik kararymyz dogrumyka? Meri şeýle diýerdi: «Men hatda inilerimi gundaga-da dolap bilýän däldirin. Öz çagalaryň bilen bolsa has başgaçadyr. Eger kabul edilen çagamyz bilen hem şeýle bolaýsa näme?» Hatda bireýýäm gerek bolan kagyzlary düzedip, maksada has golaý baranymyzda-da, aýalym gijelerine aglap, şeýle karary kabul edip bilmeklige özüniň taýýardygyna ynamsyzdygyny aýdardy. Emma men Emili bilen dileg etmegimizi dowam etdirdik. Adatça men şeýle dileg ederdim: «Gökdäki Atam, öz durmuşymyzda biz kän akmaklyk etdik we belki-de, bu edýän işimiz hem olaryň iň ulusydyr. Maňa edil öz ýolumyzda Seniň bir zady dikeldýändigiň görünýän ýalydyr we men Seniň kämil niýetiň bilen biziň üçin taýýarlanyňyň gapdalyndan geçip gitmekligi islemeýärin. Emma biziň çaga kabul etmekligimizde seniň erkiň bar bolsa, onda ony aýalyma aýan et we onuň muny kabul edip bilmekligine kömek et. Men oňa güýçli täsir etmeli däldirin. Ol meniň özüne bolan gatnaşyklarymy bilýändir, men bolsa baryny Seniň eliňe tabşyrýandyryn. Eger bu biziň üçin bolmasa, onda biz ylalaşmaga taýyndyrys. Goý, ählisi Seniň erkiň boýunça amala aşsyn». Hawa, Hudaý zähmet çekdi. Wagtyň gelmegi bilen biz kitap ýazarys we baryny jikme-jik gürrüň bereris, häzir bolsa, öňe ylgap, şuny aýtjakdyryn, ýagny 2001-nji ýylyň 16 Nowruz (mart) aýynda Emili, Keýleb, Uill Franklin we men hakyky täsinligiň şaýatlary bolduk: Şaohanna atly dolagyň Meriniň eline ilkinji gezek düşeninde, ol gyzjagazyň öz gyzydygyna aýalymyň gözlerinde şübhäniň azajyk-da kölegesi ýokdy. Şol pursatda Meri Betiň özüniň üç çagalaryna kimin bolşy ýaly, Şaohanna üçin hem öz janyny bermäge taýyn bolandygyna men ynamlydyryn. Birwagtlar öz agzyndan şübhe sözleriniň çykandyklaryna neneň kynlyk bilen ynanýandygy hakynda Meriniň özi size gürrüň berer. Hawa, Hudaý diňe Özüniň edip biljek işimi amala aşyrdy we biz munuň üçin Oňa gaty minnetdardyrys. Bilýäňizmi, has gyzykly zat näme? Gundag hakynda hatda gürrüň hem bolmady! Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýän: meniň aýalymyň (aýalyňyzyň ady) biziň çagalarymyz üçin kämil ene bolmaklygyna kömek et. Munuň üçin oňa güýç ber we onuň özüni güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýandyna düşünmekligine kömek et (Filipililere hat 4:13 seret). Oňa sabyrlylyk, mähirlilik, ýumşaklyk we aýdyň aň ber. Aýdýanlarynyň ýumurmaklygyň deregine dikeltmekligi, ölüm deregine ýaşaýyş getirmekligi üçin onuň sözlerine ýolbaşçylyk et. Her bir çaga babatda kabul etmeli kararlarda oňa ýolbaşçylyk et. Maňa edil ynanýan adama, erkege we ata berlen ygtyýarlyk bilen men çagalarymyzyň ýüreklerindäki her bir garşylygy we gulak asmazlygy ýumurýaryn (Luka 10:19 seret). Aýratynam men… (çagaňyzyň ady) üçin dileg edýärin we onuň… (çagaňyzyň anyk mätäçligini aýdyň) Senden haýyş edýärin. Eý Hudaý, Seniň gatnaşmagyň bolmasa, onda çagalarymyzy dogry terbiýeläp bilmeýändigimizi men bilýändirin. Şonuň üçin hem men Senden haýyş edýärin: bu ýüki biziň egnimizden aýyr we çagalarymyzy terbiýelemekde biziň kömekçimiz bol. Çagalarymyzy öwretmeklik, olara ylym bermeklik we tertipli bolmaklyga öwretmeklik, şeýle-de, olaryň her biri hakynda alada etmekligimiz üçin maňa we aýalyma güýç we akyl ber. Her bir çagamyzyň mätäçliklerine düşünip, olary kanagatlandyrmaklygy bize öwret. Telewideniýe, kitaplar, filmler, videooýunlar, žurnallar we Interner arkaly öz öýümize nämeleri goýberýändigimize düşünmeklige kömek et. Biziň görmeli zatlarymyzy görüp bilmekligimiz üçin bize ylham we ukyp ber. Her bir çagamyz we olaryň geljegi babatda Özüňiň niýetleriňi bize aç. Çagalarymyz hakynda çendenaşa alada etmeklik bilen olaryň azatlykda ýaşamaklaryna ir rugsat bermekligiň arasyndaky ortarany tapmaklyga bizi öwret. Günäli bolan biz öz çagalarymyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsak, onda Sen, eý Gökdäki Atamyz, Özüňden dilän bize has-da köp oňat zatlar berersiň (Matta 7:11 seret). Şonuň üçin hem men Seniň sylaglaryň bolan aňy, güýji, ukyplylygy we akyldarlygy çagalarymyz üçin bermekligiňi dileýän. Olary her hili ýaman ýagdaýlardan, kesellerden we erbet täsirlerden gora. Goý, hiç haçan hem duşmanyň hiç biz niýeti olaryň durmuşlarynda amala aşmasyn. Hemişe-de Saňa eýerip, Seniň Sözüňe gulak asmaklary üçin, gaçalarymyzy ikimize-de hormat goýmaklykda terbiýelemäge bize kömek et. Aýalymyň ene hökmünde hemişe kanagatly bolmaklygy we özüniň Isa Mesihde kimdigini ýadyndan çykarmazlygy hakynda hem men dileg edýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Çagalary-de oňa alkyş aýdýandyr, äri turup, ony öwýändir. Süleýmanyň tymsallary 31:28 Ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr. Mezmur 127:3 Olar biderek zähmet çekmez we howp üçin dogurmaz; çünki olardan önenler-de olar bilen birlikde Rebbiň mübärek zürýadydyr. Işaýa 65:23 …Ýüregiňi Rebbiň huzuryna suw kimin dök; …çagalaryň jany üçin Oňa eliňi ser. Ýirmeýanyň agysy 2:19 Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. 1 Şamuwel 1:27 BÄŞINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ KEÝPIKÖKLÜGI Siziň häzir näme hakynda pikir edendigiňizi men bilýärin: «Näme üçin ol bu mowzugy „Aýalyňyzyň duýgulary“ babyna goşmandyr?» Duýgulara bagyşlanan babyň aýratyn anyk häsiýete eýe bolandygy üçin men muny beýle eden däldirin. Duýgular ýa-da erbet, ýa-da oňat bolýandyrlar. Şu bapda gürrüňi ediljek keýpiköklügi beýan etmek bolsa gaty çylşyrymlydyr. Olar uly kynçylyk bilen derňewe salnyp bilinýändir. Käwagt olar şeýle bir tutdurmazy, garaşylmadyk we düşündirip bolmaýan-dyrlar, hatda ärleriň köpleri bu çylşyrymly sorag barada kellelerini düwmek hem islemeýärler, olaryň asyl manysyna bolsa ýetmek barada gürrüň hem ýokdur. Şeýle bolsa-da, men aýalyň keýpiköklügine düşündiriş tapmaga synanyşaryn. Bu size käbir zatlary düşündirer diýip umyt edýärin, belki-de siziň üçin kesgitli mana hem eýe bolarlar. Aýalyň aňynda we kalbynda hiç zady güman etmeýän ärine we daş-töwerekdäkilere görünmeýän bir ýagdaýyň hemişe bolup geçýändigini ilki bilen ýatda saklamalydyrys. Çünki aýalyň durmuşyndaky ähli zatlar — aladalar, gorkular, gormonlaryň üýtgemekligi, borçlar, geçmişdäki öýkeleri ýatlamaklyk, geçen agşam özüniň näçe sagat uklap bilendigi hakyndaky pikirler — bularyň bary şeýtandandyr. Hatda saçyny dürsemeklik hem aýalyň kän ünsüni talap edýändir. Bularyň bary bilelikde bir wagtda aýalyň başyna düşeninde, ol muňa çydap bilýän däldir. Ýaňyja näme bolandygynyň, soňky gezek siz onuň bilen näme hakda gürrüň edendigiňiziň tapawudy ýokdur, çünki olar öň bolup geçipdi. Şu wagt näme bolup geçýär? Şu wagt siz gaty geň galýan bolsaňyz gerek, çünki size beýle zatlar hakynda hiç haçan hem gürrüň bermediler. Bu barada lapykeç bolmaň, çünki aýalyňyz hem siziň özüňiz ýaly bolup geçýänleriň nämedigine düşünmeýändir. Düşünmäge synanyşyň: sizde-erkeklerde ýönekeý we düşnükli talaplar bardyr — iýmit, aýşy-eşret, üstünlik, abraý we boş wagtyňy hezil geçirmeklik. Siziň bilen deňeşdirilende, aýalyňyz has çylşyrymly ýaradylyşdyr. Onuň talaplary şeýle bir täsin welin, hatda ol talaplaryň tebigatyny aýalyňyzyň özi hem düşündirip bilýän däldir. Diňe Hudaý, onuň Ýaradyjysy bulara düşünip bilýändir. Mysal üçin, aýalyň aýbaşysy onuň ruhy ýagdaýyna uly täsir edip bilýändir. Aýbaşynyň gelmeziniň birnäçe gün öňünden aýalyňyzyň duýgulary ýitileşip başlaýandyr we aýbaşynyň dowam edýän günlerinde hem şeýle ýagdaýda bolup, onuň geçeninden soň hem birnäçe gün duýgularyň ýiti bolmaklygy dowam edýändir. Aýalyňyzyň ruhy deňagramlylykda bolmaklygy üçin aýyň ortasynda üçden hem az gün galýandyr we şu günleriň birinde owulýasiýa bolup geçýändir. Şonuň üçin size bu gün näme garaşýandygy hakynda diňe oýlanmak galýandyr. Şeýlelikde, erkek özüni doly howpsuzlykda duýup bilmekligi üçin bary-ýogy iki gün galýandyr. Galyberse-de, eger aýal gaýgylary başyndan geçirýän ýagdaýynda bolsa; eger äri kän işli bolup, oňa üns bermeýän bolsa; eger onuň ýaşy otuzdan geçip, durmuşynyň bolsa arzuwlarynyň amala aşman geçip barýany ýaly görünýän bolsa; eger çagalary ýaş bolup, hemişe ejeleriniň kömegine mätäç bolsalar; eger aýal semreýän bolsa; eger durmuşynyň manysyzdygyny şeýtan hemişe gaýtalaýan bolsa, — onda aýalyň töweregindäki bar zatlar çäksiz umytsyzlygyň we lapykeçligiň tümlügine çümýändir. Şeýle ýagdaýda bir zatlary düzetmeklik mümkin däl ýaly görünýändir. Eger siz aýalyňyzyň şeýle ýagdaýda bolýandygyny haçan-da bolsa bir wagt göräýseňiz, onda ondan: «Şu gün seniň bilen näme bolýar?» diýip soramaň. Dilegden başlaň: «Eý Hudaý, aýalym bilen näme bolýandygyny maňa aýan et we meniň dogry hereket etmeligime kömek et». Onsoň aýalyňyzdan: «Seniň täsin kelleňde näme bolup geçýändigini maňa gürrüň beräý!» diýip, haýyş ediň. Belki-de, özüne azar berýän kynçylygy aýalyňyz dogry aýdyp bilýän hem däldir, emma onuň üçin siziň diňleýändigiňiz gaty wajypdyr. Eger aýalyňyz özüniň nejisdigi we özünde siziň näme tapandygyňyza düşünmeýändigi hakynda gürrüň bermäge başlasa, onuň bilen ylalaşmaň. Size bolan öýkesini aýdyp başlasa bolsa, özüňizi aklamaga synanyşmaň. Eger bir ýerlere gaçyp gitmeklik ýa-da kimdir birini öldürmeklik ýaly gizlin islegleriniň bardygy bilen paýlaşmaga başlaýsa, onda aýalyňyzy gujaklap, ondan: «Seniň üçin gyzykly iş tapmaga kömek edip bilerinmi?» diýip soraň. Şeýle diýmek bilen, kelläňizi eýläk-beýläk çaýkamaň, sagada ýa-da telewizor tarapa seretmäge synanyşmaň, ýakynda ýatan gažetlere ýa-da iş kagyzlaryňyza seretmäň. Iň esasy — şu pursat üçin has wajyp hasaplanyňyz hakynda oýlanmaga synanyşyň. Aýallar beýle pikirleri elli metrden tanamaklyk ukybyna eýedirler. Men size uly bolmadyk bir maslahat bermek isleýärin. Bu maslahat sizi bu çeşmeden geçmäge kömek eder diýip umyt edýärin. Men size birnäçe peýdaly we has täsir ediji sözleri teklip edýärin. Siz olary öz aýalyňyza dürli yzygiderlilikde aýdyp bilersiňiz, emma şondan soň onuň üçin dileg etmekligi ýadyňyzdan çykarmaň. Ine, bu sözler: 1. «Men seni söýýärin». 2. «Sen dünýädäki iň oňat aýalsyň». 3. «Sen keýpiköksüz bolanyňda, iň owadan aýal bolýansyň» (belki «keýpiköksüzlik» deregine «gaýgyly» gowy gelişýändir). 4. Saňa nämäniň azar berýändigini aýt, men gaharlanmazlygy wada berýärin». 5. «Seniň umytlaryňy nädip aklamandygym hakynda gürrüň ber». 6. «Saňa teselli bermeklik üçin men näme etmeli?» 7. «Sen oňat ukladyňmy?» 8. «Hut şu wagt sen näme islärdiň?» 9. «Men bar zady bilýän däldirin. Emma Hudaý bilýändir». 10. «Bu barada bile dileg etmekligi islärmiň?» Dilegiňiz bilen bilelikde bu diýmeli zatlaryňyz hemmesi siziň ünsüňiziň bary-ýogy on bäş minutyny talap edýändir we şu wagt içinde siziň aýalyňyza garşy aýaga galan ähli güýçler daş bolarlar. Şunuň ýaly gazançlar siziň şeýle azajyk wagtyňyza laýyk gelmezmi näme? Näme bolaýsa-da, aýalyňyza: «Näme, ýene-de aýbaşy görýän günleriň geldimi?» diýen soragy bermeli dälsiňiz. Özüniň gaýgylarynyň şeýle ýönekeý ýol bilen düşündirilmegini aýalyňyz isleýän däldir. Emma hatda hut şu günler onuň keýpiköksüzliginiň hakyky sebäbi bolýan hem bolsa, hut şu wagt aýalyňyz munuň şeýledigine düşünmeklik ýagdaýynda däldir. Bu barada kän oýlanmaklygyň hem geregi ýokdur — bu biderekdir. Siz entek aýalyňyzyň kynçylyklaryna düşünmäge synanyşýarkaňyz, ol hökman özüniň gizlin syrlary hakynda size gürrüň berer — bu ýa-da ärine ýakyn bolmaklyk islegi, ýa-da özüniň düşünilmeklik we mertebesine laýyklykda bahalandyrylmaklyk islegi, ýa-da «bary oňat bolar» diýen teselli beriji sözleri eşitmeklik islegi bolup bilýändir. Aýalyňyzyň näme isleýändigini özüňiziň düşünip bilmekligiňiz we onuň üçin nähili dileg etmekligiňiz üçin Hudaýdan kömek soraň. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Hudaýyň rahatlygyna eýe bolmaklygy; • Özüniň keýpiköksüzligi sebäpli ejir çekmezligi; • Onuň gormonlarynyň üýtgemeklik ýagdaýynyň bir ýagdaýda bolmaklygy; • Siziň ýanyňyzda öz duýgularyny açyk beýan etmekligi; • Özüni siziň söýýändigiňizi bilmekligi; • Ony hemişe-de üns bilen diňlemekligiňiz; • Ýanýoldaşyňyzyň mydama Hudaýa bil baglamaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Kompozitor Maýkl Herriton gürrüň berýär. Ol aýaly Terri bilen 23 ýyl nikada we olaryň üç sany uly ýaşly çagalary bar. Erkekler, siziň aýalyňyz gaty ses bilen: «Maňa ýakynlaşma!» diýip gygyryp, agşam sagat ýedide çyrany öçürip, düşege gireninde, hakykatda bu onuň: «Meni taşlama. Meniň ýanyma gel. Meni halas et. Maňa kömek et!» diýmekligini aňladýandyr. Eger siz onuň elinden tutjak bolup, eliňizi uzadanyňyzda, ol bolsa elini çekýän bolsa, onda bu onuň: «Haýyş edýän, ýene gaýtala. Bu meniň üçin gaty wajyp. Meni tap we meni öz depressiýamdan halas et» diýmekligidir. Meniň aýalym gaty owadan we başarjaň aýaldyr. Ol hemişe-de maňa kömek etmäge taýyn bolup, iş ýerimde meniň üçin saz ýazdyrýar, ses goýmak boýunça sapaklary berýär, işde bolmadyk wagtlarymda bolsa, meniň ähli borçlarymy özi edýär, tagamly nahar bişirýär, öý-içerini mydama tertipde saklaýar we şol bir wagtyň özünde meniň ýürek arzuwym hem bolmaga çalyşýar! Emma şeýle bir günler bolýar welin, ýagny onuň duýgulary çydardan-da beter bolýarlar. Adatça şeýle ýagdaýda men özümi günäkärleýärin. Özümiň söýgüli bir jübüt jorabymyň durýan ýerinde diňe bir täk jorap tapýandygym üçin aýalyma käýäp başlaýandyryn. Şeýle günlerde meniň aýalym öýden gaçyp gitmekligi ýa-da kosmonawtlaryň hataryna ýazylmagy, ýa-da barsa-gelmez adasyna ýola düşmekligi isleýändir. Munuň şeýledigini aýalym maňa açyk aýtdy. Şeýle günleriň birinde men aýalyma ýakynlaşyp, oňa elimi degirdim. Ol bolsa edil men heýwere keselli kimin menden uzak aralyga okduryldy. Men ikinji gezek hem synanyşdym, ýene-de netijesiz (aýallara muny bir ýerde ýörite öwredýärmikäler?). Ahyrynda aýalym şeýle diýdi: «Men owadal DÄL, başarjaň hem DÄL, men HIÇ ZADA hem ýaramaýandyryn, men hiç kime-de gerek däldirin we meniň üçin HIÇ ÝERDE-DE ORUN ÝOKDUR! Men — betbagt. Sen mende näme tapdyň?» Erkekler, goý, sizi bu ýönekeý bolmadyk sorag haýran galdyrmasyn — barynyň oňat gutarmaklygy üçin güýjüňiziň baryny sarp ediň. Belki-de, aýalyňyz sizi ýöne synaýandyr. Aýalyňyzyň ähli mertebeleri hakynda täsin halda gürrüň berip, bu synagy başyňyzdan geçirmelisiňiz. Eger men ýeterli ýagdaýda gynançdyr bagyşlama bilen bu serişdäni ulansam, onda ol hökman işleýändir. Dileg Eý Hudaý, men aýalym (aýalyňyzyň ady) üçin dileg edýärin we Senden haýyş edýärin, onuň ruhuny köşeşdir, oňa teselli we rahatlygy hut wagt ber. Ony ýalanyň duzaklaryna saljak bolýan duşmanyň sesini basyp ýatyr. Her pikiri Saňa boýun bolmaga ýesir etdirmekligi aýalyma öwret (2 Kor. 10:5 seret). Onuň aňyna aralaşýan her bir ýalany aç we ony dogrulyk ýoluna dolandyr. Diňe Seniň sesiňi eşitmekligine oňa kömek et. Ony Özüňiň Mukaddes Ruhuň bilen doldur we onuň durmuşyndaky Senden bolmadyk her bir zady aýryp taşla. Onuň bedenindäki ýagdaýlary bolmaly derejesinde sakla we aýalym hemişe-de deňagramlylykda bolsun. Daşky ýagdaýlara bagly bolmadyk içki rahatlygy oňa ber. Durmuşyndaky her bir ýagşylyga dogry baha berip bilmekligi üçin ähli zatlara Seniň seredişiň ýaly seredip bilmekligi aýalyma öwret. Gorkularyň we şübheleriň ony eýelemeklerine ýol berme. Oňa doly suraty görkez we iň wajyp zady kän wajyp bolmadyklardan tapawutlandyryp bilmekligi öwret. Özüniň dileglerine berýän jogaplaryňy görüp bilmekligine öwret. Özüni hemişe söýýändigime bilmekligi üçin söýgümi dogry beýan etmekligi maňa öwret. Eý Hudaý, Seniň «bizi parahatlyga çagyrandygyňy» men bilýändirin (1 Kor. 7:15 seret). Ikimiziň hem şu çakylygy eşidip bilmekligimize we her bir akyldan üstün bolan parahatlykda ýaşamaklygymyza kömek et. Men aýalyma: «„Ýüregiňde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün“ (Kol. 3:15 seret) we Sen Oňa minnetdar bol» diýýärin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Çünki Reb şeýle diýýär: Ine, Men parahatlygy derýa kimin… ugrukdyraryn. Işaýa 66:12 …janymy ejesiniň gujagynda süýtden kesilen çaga kimin köşeşdirýärin, köşeşdirdim… Mezmur 131:2 Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer. 2 Ti. 2:22 …Agşam agy dowam eder, ýöne ertir şatlyk geler. Mezmur 29:5 Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar. Filip. 4:7 ALTYNJY BAP. AÝALYŇYZYŇ NIKASY Sekiz ýaşyma çenli men obada ýaşadym we biz ol ýerde mal saklaýardyk. Biz özümizi iýmit bilen doly üpjün edýärdik. Biz gezek gyşda, heniz meniň dokuz ýaşym dolmanka, gar tupany biziň mallarymyzyň baryny gyrdy, indiki ýylda bolsa doly biziň hasylymyzyň baryny gyrdy. Tomsuň ahyrynda kakam mal bilen meşgullanmagyň agyr işdigini aýtdy we biz ýeňil durmuşy wada beren şähere göçdük. Obada ýaşap, men ýeriň neneň kän aladany talap edýändigine düşündim. Çünki seniň ýaşaýşyň oňa baglydyr. Eger hasyl erbet bolsa, onda iýere hiç zat hem bolmaz. Men şuňa düşündim: eger bagyňyzda bir zatlaryň ösmegini isleýän bolsaňyz, onda ilki bilen onuň topragy hakynda aladalanmalysyňyz. Ilki bilen berk esasy gurman, öý gurup bolmaýşy ýaly, oňat dökünlenen topraksyz bag ýetişdirip bolmaz. Onsoň oňat tohumlary taýýarlamalysyzyň. Siz näme ekýändigiňize berk üns bermelisiňiz, çünki siziň hasylyňyz saýlan tohumlaryňyza baglydyr. Tohumlary ekeniňizden soň günde suwaryp, haşal otlary aýyrmaly bolýansyňyz; ekiniňizi mör-möjekleriň ýa-da beýleki amatsyz şertleriň gyrmazlygy üçin aladalanmalysyňyz. Siziň nika durmuşyňyz hem şu baga meňzeýändir. Onuň topragy dileg bilen taýýarlanylyp, dökünlenýändir, onsoň gerekli tohumlary — söýginiň, ynamlylygyň, hormatyň, ünsüň we gürrüňdeşlegiň oňat tohumlaryny ekýänsiziň. SÖÝGINIŇ TOHUMLARY Söýginiň tohumlaryny ekmeklik iň aňsat işdir, miweleri bolsa bada-bat peýda bolýandyr. Eger söýgi tohumlary biziň ýanýoldaşymyz tarapyndan ekilen bolsa, onda biziň ýüregimizde umyt, parahatlyk we bagt ýaly miweler ýetişer. Bu gorkularyň, betbagtlaryň we ýalňyşlyklaryň ýüzüne göni seretmäge güýç berýändir. Bu miweler durmuşyň ähli böwetlerinden geçmäge bize kömek edýändir. Elbetde, ähli gerek däl bolanlary bagdan aýyrmalydyr. Haşal otlary aýyrmaklyk — bu bagban üçin gyzyklanma däldir, bu onuň wajyp borçlarynyň biridir. Eger siziň nika bagyňyzda öýkäniň, duşmançylygyň, düşünmesizligiň, ýamanlamagyň, men-menligiň we gaharyň haşal otlary ösýän bolsa, onda olar tizara ähli peýdalyösümlikleri «bogarlar». Eger biziň bagymyzda söýmezligiň tohumlary ekilen bolsa, onda biz solup, ýuwaş-ýuwaşdan ölmäge başlaýandyrys. Käwagtlar bolsa şeýle hem bolup bilýändir: bag heniz oňat görünýändir, emma onuň ösümlikleri bireýýäm ölendirler, ýöne heniz ýere gaçan däldirler. Nika birleşiginde hem edil şeýle bolýandyr. Daşdan olar oňat görünýändirler, emma içinde bolsa olar bireýýäm ölüdirler. Bu Hudaýyň niýetine laýyk gelýän däldir we elbetde, Ony şöhratlandyrýan hem däldir. Eger nikaňyzda sizi beýgeldýän we sizi Hudaýyň isleýän hakyky ýaradylany edýän söýgi bolmasa, onda siziň gatnaşyklaryňyzdaky men-menligiň, gorkunyň, gödekligiň ýa-da sizi bogmaga synanyşýan teniň beýleki haşal otlarynyň bardygyny barlamaklygyň wagty gelendir. Eger siziň nikaňyzda çynlakaý kynçylyklar bar bolsa, onda biliň, siziň dilegleriň boýunça Hudaý täsinlikler döredip bilýändir. Ol birsalymda adamlaryň ýüreklerini we gözýetimlerini üýtgetmäge ukyplydyr. Ol günäniň şahalaryny köki bilen goparyp, ölen söýgini direltmäge we ony ýöne bir ösýän däl-de, eýsem gülleýän agaç etmäge-de ukyplydyr. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýändir: «Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» (Rim. 12:9). Bütin ýüregiňiz bilen nikaňyzdaky bar bolan ýagşylyga ýapyşyň. Şeýtanyň bagyňyzda ekjek bolýanlarynyň baryndan gaça duruň. Şertsiz söýginiň täze tohumlaryny ekmekligi öwretmegini Hudaýdan diläň (bagy her ýyl täzeden bejerip, her ýyl täze tohumlary ekmeklik maslahat berilýändir). Oňat alada edileninde, söýginiň tohumlary täsin hasyl berýändirler. YNAMDARLYGYŇ TOHUMLARY Biziň nikamyzyň aç guşlara iýmit çeşmesi bolmazlygy üçin ony berk diwar bilen gurşamalydyrys. Şeýle edenimizde, garaşylmadyk myhmanlar biziň emlägimize girip bilmezler. Biziň nikamyz şeýle goraga mätäçdir. Eger biz onuň serhetlerini goramasak, onda hökman ondan bir zatlary ogurlarlar. Öz nikalaryna seresapsyzlyk bilen seredýän adamlar tohumlary öz serhetlerinden daşary sepýändirler we netijede olar iýmit gözleýänleriň ünslerini özlerine çekýändirler. Ol iýmit gözleýänler biziň gorag diwarymyzyň gowşak we könelen ýerlerini gözläp, içeri girmäge synanyşýandyrlar. Biz ynamdarsyzlygyň tohumlaryny ekenimizde, serhedi ýykyp, kesekiler üçin öz bagymyza girelge açýandyrys. Meniň bir mesihi-joram bar we onuň äri ynamdarsyzlygyň tohumlaryny öz nika bagynyň töweregine ekipdir. Onuň bu işi aç gezip ýörän bir aýal jynsyň ünsüni çekipdir we ol aýal erkegiň bütin bagyny eýelemekligi isläpdir. Ol erkek özüniň oýnaşy bilen keseki ýerlere haşal otlaryň tohumlaryny saçypdyr. Ol tohumlardan hiç bir ýagşylyk ösmändir. Netijede diňe bir däl-de, iki sany nika bagy heläk bolupdyr. Biziň her birimiz tohumlary öz bagymyzdan daşary ekmeklik synagyny başymyzdan geçirýändiris. Emma bu islege garşy durup, ynamdarlygyň tohumlaryny ekýän adam bol hasyla eýe bolar. Hatda siziň nikaňyz taryhda mälim bolan iň täsin nikadan hem oňat bolaýanynda-da, duşman şonda-da nikaňyzyň daşyndaky diwary ýykyp, ony ýumurmak isleýändir. Siziň biriňiz üçin hile torlaryny gurmaklyk niýeti bilen şeýtan hemişe her bir mümkinçiligi ulanýandyr. Şonuň üçin hem siziň nikaňyzyň topragy dilegiň oňat täsirine mydama mätäçdir. Eger biz özümiziň nikamyzyň gaty berkligi üçin ol dilege mätäç däl diýip pikir edýän bolsak, onda gaty ýalňyşýandyrys. Mukaddes Kitap şeýle duýduryş berýändir: «Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» (1 Kor. 10:12). Dilegleriňizde gerek bolmadyk tohumlary ekmezligiňiz üçin Hudaýdan diläň. Ynamdarlygyň tohumlaryny ekip, öz bagyňyzyň daşynda berk diwarlary gurmaklygyňyzy öwretmegi üçin Hudaýdan diläň. HORMAT GOÝMAKLYGYŇ TOHUMLARY Şowly bolmadyk nikanyň sebäpleriniň iň esasy — ýanýoldaşlaryň bir-birleriniň gyzyklanmalaryny ret etmekleridir. Mukaddes Kitapda şeýle diýlendir: «Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin» (1 Kor. 10:24). Öz nikamyzda hormat goýmazlygyň tohumlaryny ekenimizde, biz öz ýanýoldaşymyzyň peýdasyny gözleýän däldiris we netijede bolsa ajynyň we duşmançylygyň miwelerini orýandyrys. Ýanýoldaşyňyň gyzyklanmalaryny özüňkiden ýokary tutmak — örän kyn meseledir we bizde hereket edýän Mukaddes Ruhuň kömegi bolmasa, ony adaty şertlerde ýerine ýetirmek mümkin däldir. Şonuň üçin hem bu barada gileg etmeklik — biziň borjumyz. Siziň meniň üçin Isadaky söýgüli doganym bolandygyňyz üçin, men size aýallaryň öz ärlerine hiç haçan hem aýtmajak zatlaryny aýtjakdyryn: siziň aýalyňyz özüňiz üçin ene-de, gyrnak-da bolmaklygy isleýän däldir. Birinji ýagdaýda ol size bolan hormatyny ýitirýändir; ikinjide bolsa aýalyňyzda edil siziň özüne bolan hormatyňyzy ýitirendigiňiz ýaly duýgy peýda bolýandyr. Aýalyňyzyň siziň üçin adatça enäniň ýa-da gyrnagyň edýän işini etmäge hemişe-de taýyndygyny men bilýärin. Emma eger siz özüňize onuň şeýle işleri etmegini käte-käte dileýän bolsaňyz, onda aýalyňyz size ýa-da çaga kimin, ýa-da başlyga seredişi kimin seretmäge başlaýandyr. Bu bolsa hökman siziň gatnaşyklaryňyzda yz galdyrýandyr. Aýalyňyz özüni siziň eneňiz ýa-da gyrnagyňyz ýaly näçe kän duýýan bolsa, ol şonça-da özüni siziň söýgüliňiz kimin duýýandyr. Ähli zatlara aýalyňyzyň gözi bilen seredip bilmekligiňizi we nikaňyza hormat goýmaklygyň tohumlaryny ekmekligiňizi öwretmegi hakynda Hudaýdan haşyş ediň. ÜNS BERMEKLIGIŇ TOHUMLARY Eger öz bagyňyza ýeterli wagt sarp etmeklige we üns bermeklige öwrenmeseňiz, onda sizde hiç haçan hem gülleýän bag bolmaz. Geljekde bol hasyl almaklyk üçin tohumlary ekmeklik, suwarmaklyk we dökünlemek üçin näçe wagt we güýç talap edilýändir! Bagtly nikalarda är bilen aýal bir-birleri bilen ýekelikde bolmaklary üçin hemişe-de wagt tapýandyrlar. Eger siziň iş planyňyz muňa ýol bermeýän bolsa, diýmek ol gaty berk düzülendir, ony hökman ýeňilleşdirmelisiňiz. Siziň ikiňiziň ýeke bolup, bir zatlar hakynda gürrüň edip, maslahatlaşmagyňyz, öz pikirleriňiz we arzuwlaryňyz bilen paýlaşmaklygyňyz, bile dymyp oturyp, jynsy gatnaşyklaryňyz hakynda oýlanmaklygyňyz üçin wagt tapmaklygyňyz gaty wajypdyr. Işde gaty gijä çenli bolmaly wagtlaryňyzyň hem bolýandygyny men bilýärin, emma siz çendenaşa işli adam bolýan bolsaňyz, onda öz bagyňyzda näme ekýändigiňiz hakynda oýlanyň. Aýalyňyz üçin wagt tapyp bileriňiz ýaly öz günüňizi gurnamaklyk hakynda Hudaýdan dileg ediň. GÜRRÜŇDEŞLIGIŇ TOHUMLARY Sözler tohumlara meňzeýändirler. Ilki bilen olaryň çybyklary gaty kiçidir, soňra bolsa olar uly ösümlige öwrülýändirler. Eger adam özüniň nika bagynda gaharyň, biperwaýsyzlygyň, närazylygyň, sabyrsyzlygyň we guýgusyzlygyň tohumlaryny ekýän bolsa, onda ol kesekiligiň we sowuklygyň, bitertipligiň we bölünmekligiň, gaýgynyň we umytsyzlygyň miwelerini alýandyr. Bu tohumlardan şeýle bir uly ösümlik ýetişer welin, hatda daş-töweregindäkileriň baryny gyrar. Ençeme nikalaryň çylşyrymly kynçylygynyň biri — bu gürrüňdeşligiň ýetmezçiligidir. Aýallar: «Meniň ärim meni diňlemeýär» diýýärler. Erkekler bolsa: «Meniň aýalym maňa düşünmeýär. Ol meniň sözlerime başgaça düşünýär» diýýärler. Bu erkekler bilen aýallaryň dürli-dürli pikirlenýändikleri üçin bolýandyr, ýöne bu tapawutlar olaryň bir-birlerini doldurmaklaryna kömek edýändir. Eger är bilen aýal ýagdaýa dürli hili seredýän bolsalar, onda olar oňa Hudaýyň seredişi ýaly seredip bilmekleri üçin dileg etmelidirler. Diňe şeýdip olar ähli soraglarda bir pikire gelip bilerler. Är-aýal gatnaşyklarynyň bagynda hökman hasyl ýygnamaly wagt gelýändir. Mukaddes Kitap: «…Adam näme ekse, şony orar» diýip, duýduryş berýändir (Gal. 6:7 seret). Eger miweler bize ýaramaýan bolsa, onda diýmek başga tohumlary ekmekligiň wagty geldi. Tohumlar biziň hereketlerimiz arkaly ekilýändir, emma kän ýagdaýlarda olar biziň sözlerimiz arkaly ekilýändir. Är bilen aýal gürrüňdeş bolmaklygy başarmaýan bolsalar, onda dürli-dürli haşal otlar ösüp başlaýandyrlar. Eger sözleriň-haşal otlaryň tohumlary siziň nikaňyza ekilen bolsa we olaryň çybyklary bireýýäm siziň gatnaşyklaryňyzy «bogup» başlan bolsa, onda özüňize Hudaýyň beren guraly hakynda ýatlaň. Ol gural arkaly siz ähli haşal otlary aýryp bilýänsiňiz. Bu gural — siziň dilegiňizdir. Öz bagyňyzda nämeleriň ösýändigine berk üns beriň we ähli joýalardan haşal otlaryň aýrylmagy hakynda dileg ediň. Nika jennet bolup bilýändir, şeýle-de ol döwzah hem bolup bilýändir. Adamlaryň aglabasy üçin ol ortaradaky ýagdaýdyr. Bu başga bir adam bilen bir bütewi bolup bilmekligiň gaty kyndygy bilen düşündirilýändir (hatda ol adam siziň üçin ýörite ýaradylan bolaýanynda-da). Emma gürrüň öz ýanýoldaşyňy özüňe meňzeş etmeklige synanyşmaklyk hakynda däl-de, eýsem onuň bilen bile Hudaýa meňzemeklik hakynda gidýändir. Hudaý är bilen aýalyň bilelikde ruhda ösmeklerine, olaryň bir bütewi bolmaklaryna kömek edýändir, emma şol bir ýagdaýda Ol är-aýallaryň her birleriniň hususy şahsyýet bolmaklaryny we hususy ukyplaryny-da saklaýandyr. Nika şahsyýetiň basyrylýan ýeri bolmaly däldir. Tersine, ol her bir ýanýoldaşyň özüni doly ulanyp bilýän ýeri bolmalydyr. Eger är-aýallaryň gatnaşyklary Hudaýyň erkine laýyklykda gurulýan bolsa, onda arzuwlar ýerine ýetip, maksatlar bolsa amala aşyp başlaýandyr. Nikada är-aýallar bir-birlerine ýolbaşçylyk etmekligiň deregine, dilege görä olar bir-birlerine ynanmaklyga öwrenýändirler; höküm etmekligiň deregine, bir-birlerini ruhlandyrýandyrlar. Tabyn bolmazlyk Hudaýa ýakymly däldir. Nikanyň bagynda ösýän men-menligiň, aldamanyň, ýigrenjiň, hasap etmezligiň we gödekligiň miwelerini görmeklik hem Hudaýa ýakymly däldir. Eger biziň ýanýoldaşymyza bolan gatnaşygymyz Hudaýyň niýetine gapma-garşy gidýän bolsa, onda ýöne bir Hudaýyň erkine garşy däl-de, eýsem Onuň niýetiniň hem amala aşmagyna böwet bolýandyrys. Bir-biriňiziň araňyzdaky tapawutlary görüp bilip, nädip birbiriňizi dolduryp bilýändigiňizi öwretmekligi üçin Hudaýdan diläň. Belki-de, biriňiziň gowşak ýeriňizde beýlekiňiz güýçlüsiňiz? Biziň üçin pata bolmaly zat kämahallarda bizi gaharlandyrmaga başlaýandyr, çünki ähli zada Hudaýyň Özüniň seredişi ýaly biziň hem seretmekligimiz hakynda dileg edýän däldiris. Belki-de, aýalyňyzyň sözleri we hereketleri sizi gaharlandyrýandyr. Bu barada Hudaýa gürrüň beriň we näme hakynda dileg etmekligiňizi Ol size görkezer. Adatça är-aýallar bilelikde ýaşamaklygy islemeýändikleri üçin däl-de, eýsem olar bir zatlary üýtgedip bilmeýändiklerine ynanmaýandyklary üçin aýrylyşmak isleýändirler. Özüňizdäki her bir özgermeklige mätäç bolan zatlary özgertmegi üçin Hudaýdan haýyş ediň. Hatda nikaňyza gaýtaryp bolmajak ýitgi düşüp, indi size nikaňyz umytsyz ýagdaýda ýaly bolup görünýän hem bolsa, ýadyňyzda saklaň, Hudaý ýagdaýy bütinleý oňat tarapa üýtgetmegi isleýändir. Eger biz özümizi pes tutup, Hudaýyň ýollaryndan ýöräp, Ony bütin ýüregimiz bilen söýýän bolsak, onda Onuň neneň täsinlikleri amala aşyryp bilýändigini hatda göz öňümize getirip hem bilýän däldiris (1 Kor. 2:9 seret). Nikadan başga hiç ýerde hem bu kanunalaýyklyk şunuň ýaly aýdyň bolýan däldir. Dileg etmeklik bilen siz Hudaýyň yşygynyň öz durmuşyňyza girip, siziň nika gatnaşyklary bagyňyzy şöhlelendirip, direltmegine rugsat berýänsiňiz. Şonda bu bag täze çybyklar çykaryp, gülläp, owadan yslary berip başlar we ikiňiz üçin hem şatlygyň bolelin miwesini getirer. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Nikaňyz babatda şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Bir-biriňize bolan söýgiňiz artmagy; • Ikiňiziň hem synaglara berk garşy durup bilmekligiňiz; • Bir-biriňize hormat goýmaklygyňyz; • Ikiňiziň hem mydama bir bütewi kimin ýaşamaklygyňyz; • Ikiňiziň hem dostlar, hem-de aşyklar bolup bilmekligiňiz; • Ikiňiziň hem mydama bir komanda bolup bilmekligiňiz; • Aýrylyşmak hakynda pikiriň kelläňize-de gelmezligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär «…üç gat ýüp tiz üzülýän däldir» (Wagyzçy 4:12). Bu aýat men bilen Stormy üçin biziň nikamyzyň agyr döwürlerinde «gökden gelen manna» kimin bolýardy. Biziň jedellerimiz biderek durmuş ýagdaýlaryndan döreýän ýalydy, ýöne üç gat ýüp ýaly berk bolan biziň nikamyzy dargatmaklygy üçin duşman elinden gelenini ederdi. Jedeller hemişe-de duýdansyz peýda bolýardy, ýöne biziň bilelikdäki dileglerimiz hakynda bolsa beýle diýip bolmazdy. Muňa ýetenimizçe, biz näçe böwetlerden geçmeli bolduk! Dileg siziň hususy planlaryňyzdan eliňiz üzüpi, Hudaýyň öz niýetleriniň amala aşmagyna mümkinçilik berýändir. Men Stormynyň üýtgemegi hakynda, munuň gaty ajaýyp boljakdygy hakynda kän oýlanardym. Emma dileg meni bu pikirlerden saklardy we özümiň nädip aýalyma ýakymly bolup biljekdigim hakynda oýlandyrardy. Şeýle ýagdaýlarda meniň men-menligim neneň titreýärdi! Emma biziň dileglerimize görä özgerşikler boldy we biz üstünliklere eýe bolduk. Şu gün biz bireýýäm 28 ýyl nikadadyrys we Stormydan başga hiç kimi hem men öz aýalym hökmünde göz öňüme getirip bilmeýärin. Diňe biz bilelikde Hudaýa dileg edenimizde, biziň kynçylyklarymyz çözülmäge başlaýandyr. Şunuň ýaly berk bolan üç gat ýüpi üzmeklik dogrudan hem aňsat däldir. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meni aýalym bilen berk we bozulmaz zynjyrlar bilen bagla. Aýalymy güýçli söýmekligi maňa öwret we özüni söýýändigimi aýalym mydama duýsun. Bir-birimizi hormatlamagy, bir-birimizden hoşal bolmaklygy, bir-birimize ýakyn dost, goragçy we berk direg bolmaklygy bize öwret. Biziň öýkelerimiziň we lapykeçliklerimiziň gurbany bolan, ýiten we dargan söýgimizi dikelt. Ol söýgini ýüreklerimize dolandyr. Hatda birimiziň beýlekimizi söýmänimizde-de, nikamyzda bar bolan ähli oňat zatlary ýatda saklamaga güýç ber. Çalt we doly bir-birimizi bagyşlamaga kömek et. Esasan-da, men Senden… (durmuşyňyzyň bagyşlanma mätäç bolan ýagdaýyny aýdyň) dileg edýärin. Seniň ähtiňi ýatda saklamaklygymyza kömek et: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Ef. 4:32). Seniň bize gatnaşyk edişiň ýaly, biz hem bir-birimize şeýle ediliň. Bir-birimiziň gowşaklygymyzy we ýalňyşlyklarymyzy hasaba almazlaga öwret. Durmuşyň agyr günlerinde gaty wajyp bolan degişmeklik duýgusyny bize ber. Hemişe-de bir pikirde bolmaklygymyza, bar zatda bir-birimize ynanmaklyga, bir ruhda bolmaklygymyza, durmuşyň ähli ýagdaýlarynda, ýagny pul, çagalary terbiýelemek, boş wagtymyzy geçirmeklik ýaly meselelerde çalt we oňaýly karar kabul edip bilmekligimize kömek et. Jedeldir dawalaryň peýda bolanynda, Senden haýyş edýän: bizi kabul et we her bir jedelli soraglarda bir pikire gelip bilmekligimize kömek et. Öz maksatlarymyza Seniň niýetleriňe görä düşünmekligimize pata ber. Bir-birimiz bilen çyn we sap ýürekden gatnaşyk edip, aramyzda hiç hili düşünmesizligiň bolmazlygyna kömek et. Goý, Seniň merhemetiň astynda biz bir-birimize sabyrly bolup, bir-birimiziň ýetmezçiliklerimize düşünmeklik bilen seretmeklige, emma şol bir wagtyň özünde, her birimiziň üýtgemäge çalyşmaklygymyza kömek et. Aýalym bilen ikimiziň mydama bile bolup, bir gyzyklanmalar bilen ýaşap, durmuşda bir ýol bilen gitmekligimiz üçin dileg edýärin. Nikamyzyň ikimiz üçin hem bagtyň, parahatlygyň we şatlygyň çeşmesi bolmaklygy üçin, bir-birimiz üçin wagt tapmaklygyň gaty zerurdygyny bize ýygy-ýygydan ýatladyp dur. Eý Hudaý, biziň nikamyzy ýykyp biljek her bir zatdan ony gora. Bizi synajak bolýanlaryň hemmesinden hem bizi azat et we synaglary bada-bat aňyp, olar bilen göreşmäge bize güýç ber. Biziň şu günki gatnaşyklarymyzy geçmişiň hiç bir wakasy hem betbagt etmesin. Saňa ýaramadyk her bir gatnaşyklarymyzy aramyzdan aýyr. Goý, biziň nikamyzda hiç naçan hem zyna we aýrylyşmaklyga ýer bolmasyn, goý, Seniň birleşdireniňi hiç zat hem aýryp bilmesin. Eý Hudaý, maşgalamyzy saklamaklyga Sen kömek et; Ýaradyjymyz bolan Saňa ýüz tutmaklygy we gatnaşyklarymyzyň Seniň isleýşiň ýaly bolmaklygy üçin dileg etmekligi bize öwret. Bize buýruk berşiň ýaly, ilki bilen «başganyň peýdasyny gözlemegi» bize öwret (1 Kor. 10:24). Nikamyzyň merkezinde Seniň bolmaklygyňy biz isleýäris we diňe Seniň berip biljek zatlaryňy bir-birimizden alyp biljekdigimize umyt edýäris. Her hili hyýallardan azat bolup, bir-birimizi öz bolşumyz ýaly görüp bilmekligimize kömek et. Goý, nikamyzyň Seniň isleýşiň ýaly bolmaklygy üçin, biz mydama bir-birimize we Saňa wepaly bolalyň. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Iki kişi bir kişiden gowudyr; çünki zähmetleri üçin ýagşy muzdlary bardyr. Çünki biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Ýykylan ýekäniň bolsa halyna waý! Ýykylanynda ony galdyrjak ýokdur. Wagyzçy 4:9-10 …Eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer. Matta 18:19 …Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir. Markus 10:11 …Siz-de öz ruhuňyzy goraň, ýaşlygyňyzyň aýalyna dönüklik etmäň. Mal. 2:15 Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn. Rim. 12:10 ÝEDINJI BAP. ONUŇ ADAMSYNA TABYN BOLMAKLYGY Tabyn bolmaklyk — bu bary-ýogy işlikdir. Tabyn bolma — bu meýletin amala aşyrylýan hereketdir. Adamy mejbur etdirip, bu hereketi ýerine ýetirmek mümkin däldir. Kimdir birini özümizi söýmeklige mejbur etdirip bolmaýşy ýaly, ony tabyn bolmaklyga-da mejbur etdirip bolýan däldir. Elbetde, güýç bilen birini boýun egdirip bolýandyr, emma bu hakyky tabyn bolmaklyk bolýan däldir. Tabyn bolma biziň özümiziň edýän saýlawymyzy göz öňünde tutýandyr. Bu çözgüdi biziň her birimiz kabul etmelidiris we ol ýürekden çykmalydyr. Eger biziň Oňa tabyn bolmaklyk çözgüdimiz ýüregimizden çykýan bolmasa, onda biz tabyn bolmazlykda bolýandyrys. Meniň soragnamama gatnaşan aýallaryň aglabasynyň ärlerine tabyn bolmaklygy çyn ýürekden küýseýändiklerini bilmeklik baradaky täzelik sizi haýran galdyrýan bolsa gerek. Olar öz ärlerini maşgalalarynyň başy hökmünde görmek isleýärler we Hudaý tarapyndan erkege berlen ýolbaşçylygy öz üstlerine almaklygy azajyk-da islemeýärler. Bu barada Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini aýallar gowy bilýärler, akylly aýallar bolsa hemişe-de Hudaýa ýakymly işleri etmeklik isleýärler. Çünki olar Hudaýyň ýollarynyň oňatdygyny bilýändirler. Ýöne şu ýerde kynçylyk ýüze çykýar, çünki aýallar ärlerine tabyn bolmaklykdan gorkýarlar we bu şu iki sebäbe görä bolýandyr: • 1-nji sebäp: är üçin tabyn bolmaklyk ýönekeý sözdür we ol ony edil gural ýaly ulanýandyr; • 2-nji sebäp: är heniz özüni Hudaýa doly tabyn etmekligi çözmändir. Bolýar, bolýar, diňe mynasyp bolan äre tabyn bolmaklygy Hudaýyň buýurmaýandygyny men bilýärin. Tabyn bolmaklyk — ilki bilen adama däl-de, Hudaýa ynanmaklyk diýmekdir. Eger äriniň Hudaýa doly tabyn bolmaklygy çözendigini bilýän bolsa, onda aýala öz ärine tabyn bolmaklyk kararyny kabul etmeklik ýeňil bolýandyr. Bu ol aýal üçin ärine tabyn bolmaklygy çözmegi bilen rahatlyga eýe bolandygyny aňladýandyr. Bu ýerde iň esasy — aýaly ärine tabyn bolmaklyga mejbur etmän, onuň äri bilen dogry gatnaşyklary ýola goýmaklygyna kömek etmeklikdir. Eger äriniň özüni alyp barşy laýyk bolmasa, onda äriniň özüni Hudaýa tabyn edendigine aýalyň ynanmaklygy gaty kyndyr. «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň» (Ef. 5:22) aýatdan soň beýleki «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» (Ef. 5:25) aýadyň gelýändigini aýallar gowy bilýändirler. Mesih ýygnakdan ýüz öwürýän däldir, ony ret edýän däldir, ony masgaralaýan hem däldir. Ol hiç haçan hem ýygnak babatda tekepbir we oňa biperwaý bolýan däldir; Ol ýygnagy ýamanlap, ol hakda erbet zatlar diýýän däldir. Ol ýygnagy söýüp, ony goraýandyr, ähli gerekli zatlar bilen üpjün edip, ol hakda alada edýändir. Munuň yzysüre, Hudaý erkege baş bolmaklyk roluny bereninde, Ol erkekden özüni gurban etmekligiň kesgitli bir bahasyny tölemekligi talap edýändir. Ençeme aýallary şu soraglar aladalandyrýandyr: «Eger men ärime tabyn bolmaklygy çözsem, onda onuň öňünde masgaralanmazmykam? Ol maňa bolan hormatyny ýitirmezmikä?» Bu soragyň jogaby Isanyň ýygnagy söýşi ýaly äriň öz aýalyny söýmeklik parzyny ýerine ýetirmeginde ýa-da är üçin «tabyn bolma» sözi özüniň hukugyny aňladýan ýönekeý söz bolup galmagynda jemlenendir. Başgaça aýdylanda, är öz aladalaryny aýalynyňkydan ýokary tutýarmy? Eger aýal öz gyzyklanmalarynyň äri üçin gymmatbahadygyna we äriniň maşgalanyň başy hökmünde ýolbaşçylyk edeninde, ýanýoldaşyna ünsli boljakdygyna aýal ynamly bolmasa, onda öz durmuşyna ýolbaşçylyk etmekligi ärine tabşyrmaklyk aýal üçin gaty kyn bolýandyr. Eger äri aýalynyň pikirlerine, duýgularyna we gözýetimlerine biperwaý bolsa, onda aýal üçin çözgüt kabul etmeklik gaty kyn bolýandyr. Eger geçmişde aýal özüniň doly ynanan adamyndan öýkäniň ajysyny duýan bolsa, onda indi onuň üçin ärine tabyn bolmaklyk gaty agyr bolýandyr. Emma Isanyň ýygnagy söýşi kimin öz aýalyny söýýän är üçin aýalyň ähli zada taýyndygyny men belläsim gelýär. Şeýle şertlerde tabyn bolmaklyk ýeňildir. Ärleri ynanmaýan bolan aýallaryň ençemesi bilen men tanyşdyryn, ýöne şonda-da olar öz ärlerine taýynlyk bilen tabyn bolýarlar, çünki ol ärleriň her biri Hudaýa ynanmaýandyklaryna seretmezden, öz aýallaryny edil Isanyň ýygnagy söýşi kimin söýýärler. Adamlar hiç-de meňzeş bolmadyk «tabyn bolmaklyk» bilen «gulak asmaklyk» düşünjelerini çalyşýandyrlar. Mukaddes Kitapdaky «beýlekilere gulak asmaklyk» düşünjesi diňe çagalara, gullara we ýerli ýygnagyň içindäki aragatnaşyklara degişlidir. Mukaddes Kitap şeýle tabşyryk berýändir: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr» (Ef. 6:1); «Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň» (Ef. 6:5); «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir…» (Ýewr. 13:17). Aýalyň ne çaga, ne-de äriniň gyrnagy bolýandygy we ýerli ýygnagyň nikanyň bir bölegi bolmaýandygy zerarly, «gulak asmaklyk» sözi nika hiç hili-de gatnaşygy ýokdur. Öz aýalyndan tabyn bolmaklygy talap edýän är muny etmeli däldigine düşünýän däldir. Beýle talap diňe kemsidiji häsiýete eýedir we diňe garşylygy döredýändir. Eger äri özüniň Hudaýa bolan tabyn bolmaklygy däl-de, diňe aýalynyň özüne tabyn bolmaklygy gyzyklandyrýan bolsa, onda şeýle ýagdaýda tabyn bolmaklygy talap etmeklik öýke we dargatma getirýän gural bolýandyr. Men ynamda güýçli bolan mesihi adamlaryň nikalarynyň — hatda mesihi ýolbaşçylaryň nikalarynyň hem şowsuz bolup, aýrylyşmak bilen gutarandygyny ençeme gezek gördüm. Bularyň bary diňe ärleriniň öz aýallaryndan tabyn bolmaklygy talap edip, hatda güýç bilen mejbur etmeklige-de synanyşandyklary üçin bolandyr. Maşgalasyny ýitirmekligiň öz hukuklaryňy öňe sürmeklik üçin tölenýän gaty beýik bahadygyna düşünmeklik islemeýän ençeme ärlere meniň adamsym maslahat berdi. Eger är Hudaýyň berk elleriniň astynda özüni tabyn etmekligi çözüp, aýalynyň durmuşynda gerekli bolan tertibiň bolmaklygy üçin dileg etmäge başlanynda, bularyň bary gaty ýeňilleşip bilýändir. Biziň döwrümizde bu ýygy-ýygydan bolýan wakadyr. Eger biz Hudaýa tabyn bolsak, onda Ol biziň şahsyýetimizi çäklendirýän däldir — Özüniň isleýşi ýaly bolup bilmekligimiz we Onuň ganatlarynyň penasynda bolup bilmekligimiz üçin Ol bizi azat edýändir. Ärine tabyn bolmaklyk bilen aýal äriniň goragy astyna düşüp, Hudaýyň işleýşi ýaly aýal bolmaklyk üçin gülleýändir. Maňa ynanaýyň, eger siziň aýalyňyz size tabyn bolmaklyga ylalaşsa, onda bu siziň üçin gaty oňat bolýandyr, çünki aýalyňyzyň iň oňat sylaglary ahyrynda siziň täsin sylaglaryňyza öwrüler. Eger siziň aýalyňyz tabyn bolmazlykda galýan bolsa, onda ilki bilen onuň ýüreginiň Hudaýyň öňünde, onsoň bolsa siziň öňüňizde tabyn bolmaklygy üçin dileg ediň. Soňra aýalyňyzy Hudaýyň söýşi ýaly söýüp bilmekligiňiz üçin dileg ediň. Goý, aýalyňyz siziň Hudaýdan dogry ýolbaşçylyk etmekligi soraýandygyňyzy bilsin. Eger aýalyňyz siziň Hudaýyň ýollaryny agtarýandygyňyzy bilýän bolsa, onda ol siziň yzyňyz bilen ähli ýere gitmäge taýyn bolar. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyz tabyn bolmaklygyň hakyky manysyna düşünsin; • Hudaýyň işleýşi ýaly aýalyňyz size tabyn bolmaklyga öwrensin; • Siziň özüňiziň Hudaýa tabyn bolmaklygyňyz üçin; • Aýalyňyzyň Hudaýa ynanyp bilmegi üçin, çünki Ol size ýolbaşçylyk edýändir; • Öz üstüňize ruhy ýolbaşçynyň roluny alyp bilmekligiňiz üçin; • Siziň maşgalaňyzyň başy bolmaklygyňyza aýalyňyzyň ynanyp bilmekligi üçin; • Tabyn bolmaklyk talaby maşgalaňyzdaky dawanyň sebäbi bolmazlygy üçin. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Kakamyň hemişe-de ejeme gap-çanaklary ýuwmaga, kir ýuwmaga we nahar taýýarlamaga kömekleşýändigini çaga wagtymdan bäri ýadymda saklap gelýärin. Kakam gündiz işleýärdi, emma muny ol maşgaladaky işleri bölmeklik üçin hiç-de ulanmaýardy. Kakamyň şeýle özüni alyp barşyna görä, mende öz aýalyny hormatlaýan we ony eý görýän erkek baradaky düşünje peýda boldy. Tabyn bolmaklygy är-aýallaryň biri däl-de, ikileriniň hem ýerine ýetirmelidiklerini kakam maňa görkezmek isleýärdi. Hem är, hem-de aýal bir-birleriniň ýagşylyklary üçin bir zatlary gurban etmelidirler. Tabyn bolmaklyk taglymatyny adamlaryň ençeme gezek ýamanlyk üçin ulanandyklaryny men bilýärin. Erkekleriň bu soragda näçe gödek bolduklaryça, aýallar hem şonça garşylyk bilen jogap berýändirler. Söýginiň, mähirliligiň we dilegiň bar ýerinde tabyn bolmaklyga hem ýer bardyr. Biziň diňe erkek bolandygymyz sebäpli biz tabyn bolmaklyk düşünjesine güýç bilen ýapyşýandyrys. Biz öz aýallarymyzyň hojaýynlary bolmaklyk we bu ygtyýarlygy doly ulanmaklyk isleýändiris. Hawa, Hudaý bize şeýle ygtyýarlyk berýändir, emma Ol bizi aýalymyz bilen deň hukukly ýanýoldaşlar we ikimiziň hem bir ten bolmaklygymyz üçin ýaradandyr. Eger öz aýalymyň üstünden bolan ygtyýarlygymy men ýaman niýetler bilen ulanýam bolsam, onda men öz-özüme garşy gidýändirin. Size ýatladýaryn, dileg — hukuklary deňeşdirmekligiň oňat serişdesidir. Men öz aýalym we özüm hakynda dileg edýärin. Men ikimiziň hem bir-birimiziň we Hudaýyň öňünde dogry bolmaklygymyz üçin dileg edýärin. Dileg Eý Hudaý, men şu gün özümi saňa tabyn edýärin. Öz maşgalama ýolbaşçylyk etmegim üçin Sen maňa ýolbaşçylyk et. Ähli çözgütleri Seniň ylhamlaryň we ýolbaşçylygyň astynda kabul etmeklige öwret. Özümiň maşgalamyň başy hökmünde saňa tabyn bolýandygym üçin Senden haýyş edýärin: maňa Seniň Özüňiň ýolbaşçylyk edýändigiňe aýalymyň ynanyp bilmegine kömek et. Özüňiň isleýän tabyn bolmaklygyňyň manysyny ikimize-de dogry düşündir. Özüňiň isleýşiň ýaly meni maşgalamyň başy et. Dawaly soraglarda aýalym bilen ikimiziň hem ylalaşyga gelmegimize kömek et. Öz durmuşymy bütinleý Saňa tabşyrmaklygy maňa öwret. Goý, Mukaddes Ruh maňa ýolbaşçylyk etsin. Meni söýşiň ýaly, öz aýalymy söýmekligi maňa öwret we netijede men aýalymyň hormatyna we söýgüsine eýe bolup bileýin. Aýalyma tabyn bolujy ýürek ber we meniň maşgalamyň başy bolmaklyma ynanar ýaly onuň ynamyny berket. Şeýle-de: «Mesihe bolan uly hormatymyz bilen birek-birege tabyn bolmaklygy» bize öwret (Ef. 5:21). Diňe Seniň bize sazlaşygy berip biljekdigiňi men bilýändirin. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr. Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun. Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň. Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin, Ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi. Ef. 5:22-27 Janyny goran ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. Matta 10:39 Özara pikirdeş boluň… Rim. 12:16 SEKIZINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ ADAMLAR BILEN GATNAŞYGY Aýallar bir-birleri bilen ýakyn we dostlukly gatnaşyklara mätäçdirler. Aýala kän jora edenmek hökman däldir — bu soragda hil sanawdan wajypdyr. Başgaça aýdanda, aýal üçin kän jora edenmek däl-de, oňat dostlukly gatnaşygy ýola goýmaklyk wajypdyr. Dostlary dogry saýlamaklyk — ine näme wajyp. Siziň aýalyňyza ony ulanýan ýa-da ony masgaralaýan, iş ýüzünde aýalyňyzy söýmän, oňa göripçilik edýän, onuň arkasynda gybat edýän, siziň bilen ýakynlaşmaga ymtylýan joralar gerek däldir. Siziň aýalyňyza oňa ruhda ösmäge kömek edýän we onuň durmuşyny baýadýan jora gerekdir. Şeýle jora bilen gürrüňdeşlikden siziň özüňiz hem ruhlanýansyňyz. Siziň aýalyňyza wepaly we ynamdar, hemişe gaýgylary bile paýlaşýan, gerek bolanynda bile dileg edip bilýän, siziň üçin hiç mana eýe bolmadyk, emma aýalyňyz üçin bolsa has wajyp bolan temalarda gürrüň edip bilýän jora gerekdir. Şeýle-de, aýalyňyza gerek bolanynda kömek ellerini uzadyp bilýän, onuň durmuşyny bezep bilýän, dogry ýoly sargy berip bilýän we aýalyňyz üçin hemişe-de hormatly bolup bilýän jora gerekdir. Şeýle aýallar siziň aýalyňyza ruhda ösmeklige kömek edip bilerler we netijede siziň är-aýal gatnaşyklaryňyza oňat täsir ederler. Siziň aýalyňyz özi üçin oňat joralaryň tapylmagynda siziň dilegleriňize mätäçdir. Aýalyňyz üçin onuň siziň maşgalaňyzyň agzalary bilen gatnaşyk hem uly mana eýedir. Şonuň üçin onuň bu meselede hem üstünlikli bolary ýaly siz dileg etmelisiňiz. Adamlaryň gaty ýeňil ýaralanýandyklary sebäpli, dürli wakalar olaryň gatnaşyklaryna täsir edip, olara zyýan ýetirip bilýändir. Maşgalanyň agzalary bolsa geçmişdäki öýkeleri aýratyn hem ýatda saklaýandyrlar we bu ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýandyr. Ýanýoldaşyň garyndaşlary bilen gatnaşykda aýratyn seresaplyk gerekdir. Şonuň üçin hem siziň aýalyňyzyň garyndaşlaryňyz bilen gatnaşyklary kän bir oňat däldir. Esasynda, olaryň arasyndaky gatnaşyk köp derejede size baglydyr. Aşakda getirilen soraglara siziň jogabyňyz näme hakda dileg etmelidigiňizi anyklar. 1. Siziň söýgüliňizi maşgalaňyzyň agzalary kabul edýärlermi ýa-da olar iru-giç siziň akyllanyp, başga aýal tapmaklygyňa umyt baglaýarlarmy? 2. Garyndaşlaryňyzyň arasynda siz aýalyňyz hakynda hoşamaý sözler diýýärsiňizmi we ony oňat edip görkezmäge synanyşýarsyňyzmy? 3. Öz aýalyňyz hakynda garyndaşlaryňyza arz edýärsiňizmi we olaryň aýalyňyzy ýamanlanlarynda, siz garyndaşlaryňyzyň tarapynda durýarsyňyzmy? 4. Siziň garyndaşlaryňyz aýalyňyza Hudaýdan iberilen pata hökmünde seredýärlermi, olar aýalyňyzda Hudaýyň sowgady bolan gyzykly şahsyýeti görýärlermi? 5. Siziň nikaňyzy garyndaşlaryňyz öz howpsuzlyklary üçin sebäp, sabyrlylygy barlamaklyk, ýalňyşlyk, siziň üçin agyr ýük hasaplaýarlarmy? Olar siziň aýalyňyzy bokurdakda galan süňk hasaplaýarlarmy? 6. Maşgalaňyz aýalyňyzy şatlyk bilen garşy alýarlarmy ýa-da ondan daş durýarlar? 7. Siziň aýalyňyz garyndaşlaryňyz bilen özüniň gatnaşygyndan nägiledigini size aýtdymy? Aýalyňyzyň maşgalaňyz bilen gatnaşyklarynyň asyl manysyny size açyp görkezmegini Hudaýdan diläň. Aýalyňyzyň çyn ýürekden özüniň siziň maşgalaňyz bilen gatnaşyklary hakynda, olaryň arasynda özüni nähili duýýandygy hakynda gürrüň bermegini haýyş ediň. Ärleriniň garyndaşlarynyň özlerini kabul etmeýändikleri sebäpli ençeme aýallar ejir çekýärler. Erkekleriň köpüsi aýallarynyň bu sorag bilen baglanyşykly duýgulary bilen gyzyklanmaýarlar we ähli günäni aýallarynyň üstlerine ýükleýärler. Eger siziň aýalyňyzda şeýle kynçylyk bar bolsa, onda çete çekilmäň, tersine, onuň çözülmegi hakynda dileg ediň. Şol ýagdaýda ähli hakykaty açyp görkezmekligi hakynda Hudaýdan dileň. Käwagtlar sebäp ähli adamlaryň dürli bolýandyklarynda we olaryň bir-birlerine düşünmekleriniň kyndygynda jemlenendir. Siziň aýalyňyz özüni söýmeklige başga adamlary mejbur etdirip bilýän däldir, emma ýagdaýy üýtgetmeklik üçin siz garyndaşlaryňyz bilen gürrüňleşip bilýänsiňiz. Ýöne ilki bilen bu hakda dileg ediň. Aýalyny öz maşgalasyna alyp gelmekligi bilen, är öz aýalynyň ähli garyndaşlarynyň göwünlerinden turmaklygy hakynda dileg etmeklik borjuny öz üstüne alýandyr. Erkegiň aýalyny söýendigi üçin garyndaşlarynyň hem ony söýjekdigi gelip çykýan däldir. Dostlary we garyndaşlary bilen oňat gatnaşyklardan başga-da, her bir är-aýal azyndan ýene-de başga iki-üç är-aýal maşgala bilen mydama gürrüňdeş bolmaga mätäçdirler. Ýöne olar bilen gürrüňdeşligiň siziň ikiňiz üçin hem lezzetli bolary ýaly är-aýal maşgalany tapmaklyk aňsat däldir. Şonuň üçin hem bu maksada ýetmeklik üçin ençeme güýç sarp etmeli bolarsyňyz. Ýöne şeýle maşgalalaryň siziň durmuşyňyzda peýda bolmaklary üçin dileg etmeklik wajypdyr. Eger olar bireýýäm bar bolsa, onda gatnaşyklaryňyzyň berkemegi üçin dileg ediň. Mukaddes Kitap bize: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýýändir (2 Kor. 6:14). Bu sizde ynanmaýan dostlar bolmaly däl diýdigi däldir, emma bize diňe oňat täsir etjekler we Hudaýyň ýollaryndan ýöremäge islegleri bolanlar bilen gatnaşyk etmelidiris. Biz käbir ynanýanlardan hem oňat bolan ynanmaýan adamlary bilýändiris. Şonuň üçin hem bize erbet täsir edýänleri öz durmuşymyzdan aýyrmaklygy üçin Hudaýdan dileg etmelidiris. BAGYŞLAMAGY BAŞARMAKLYK WAJYPDYR Dürli adamlar bilen gatnaşyklar gurmaklyk bilen bagyşlamagy başarmaklyk gaty wajypdyr. Öýke üçin sebäbi her wagt hem tapyp bolýandygy zerarly, bagyşlamagy öwrenmeklik gaty wajypdyr. Eger biz öýkeleri ýatdan çykarmaklyga öwrenmesek, onda içimizde saklanýan ajyny her wagt daşa çykaryp bilýändiris we bu biziň adamlar bilen gatnaşyklarymyza täsir edýändir. Mysal üçin, haçan-da bolsa bir wagt siz bir är-aýal maşgala bilen bir saçak başynda oturyp, olaryň bir-birlerini ýamanlaýandyklaryny eşitdiňizmi? Bu ýagdaýda ähli myhmanlar hem özlerini erbet duýýandyrlar. Saçak başynda oturanlaryň bolýan waka üns bermeýän ýaly bolýandyklaryna seretmezden, olar sagatlaryna seredişdirip, bu jemgyýetden aýrylmaklyga gizlinlik bilen mümkinçilik gözleýändiler we pikirlerinde indiki baýramçylyga çagyrylanlaryň hataryndan bu maşgalany aýyrýarlar. Hatda ýamanlama degişme görnüşinde aýdylan hem bolsa, myhmanlar bir adamyň beýleki adamy masgaralamagynyň şaýatkäri bolandyklaryndan özlerini erbet duýýandyrlar. Ýanýoldaşlaryň aýdýanlarynyň näçe esaslandyrylan bolandygyna seretmezden, beýle hereket saçak başynda oturanlara erbet täsir edýändir. Aýdylan sözleriň gaýgyly netijeleri berjekdigine hemmeler hem düşünýärler: mysal üçin, öýkeleden ýanýoldaş aýşy-eşret bilen meşgullanmagy isläninde, ol hökman islegine kanagatlanarly jogap alyp bilmez. Şeýle ýagdaýlar bagyşlap bilmezlik hakynda şaýatlyk edýärler. Bagyşlap bilmeýän adam töweregindäki ähli adamlara täsir edýändir. Är-aýallar bir-birlerini bagyşlap bilmän, bir-birlerini hormatlamanlarynda, diňe olaryň özleri ejir çekmeýärler, emma olaryň çagalary-da, garyndaşlary-da, işdeşleri-de we olar bilen gatnaşyk edýänleriň ählisi-de ejir çekýändirler. Eger ýürekde öýke ýaşaýan bolsa, onda töwerekdäkiler bolýan wakany jikme-jik bilmeseler-de, ol öýkäniň täsirini duýup bilýändirler. Eger siziň aýalyňyz birinden öýkelän bolsa, onda onuň ol adamy bagyşlap bilmekligi üçin dileg ediň. Eger şeýle etmeseňiz, onda bu aýalyňyzyň adamlar bilen gatnaşygyna täsir edip, onuň Hudaýyň isleýşi ýaly aýal bolmaklygyna päsgel berýändir. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Ynanýan aýallar bilen dostlaşmagy; • Maşgalanyň ähli agzalary bilen agzybir bolmaklygy; • Siziň garyndaşlaryňyzyň merhemetine eýe bolmaklygy; • Bütin dünýä bolan öýkäni öz içinde ýygnamasyn; • Geçmişiň ýaralaýjy ýatlamalaryndan azat bolmaklygy; • Beýlekileri bagyşlap bilmekligi; • Göwnüne degenler bilen ýaraşyp bilmekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Inglwudäki (Kaliforniýa ştaty) Mukaddes Kitap boýunça ynanýanlaryň Merkezi jemgyýetiniň gözegçisi we baş çopany Kennet K.Ulmer gürrüň berýär. Ol aýaly Togetta bilen 24 ýyl nikada we olaryň üç çagalary bar. Meniň dileglerimiň merkezi temasy hemişe-de aýalym Togettanyň birinji nikamdan bolan çagalarym bilen gatnaşygy üçindi. Men Togetta bilen bireýýäm 25 şöhratly ýyl nikadadyryn. Bu ýyllaryň içinde men Hudaýyň güýjüniň bizde hereket edişine ençeme gezek syn etdim. Netijede bu Hudaýyň biziň oýlamalarymyzdan we dileýänlerimizden hem artyk zatlary edýändiginiň subutnamasy boldy. Hudaý meniň aýalymyň gyzlarym bilen hem gatnaşyklaryna uly pata berdi. Men Togettä öýlenenimde, meniň bir gyzym bäş ýaşynda, beýlekisi bolsa üç ýaşyndady. Hawa, Hudaý maňa ikinji gezek öýlenmeklige mümkinçilik bermekligi bilen maňa öz merhemetini aýan etdi. Özümiň geçmişdäki durmuşym bilen, ikinji gezek maşgala gurmaklygymyň mümkinçiliginiň arasyndaky ýukaja we gowşajyk baglanyşygy berkitmeklik üçin Hudaýyň ýolbaşçylygynyň we Onuň kömeginiň maňa gerekdigini ilkibaşdan düşündim. Nikamyň birinji günlerinden başlap, men Togettanyň öz gyzlarym üçin oňat ene bolmaklygy üçin dileg etmäge başladym. Men Hudaýyň olaryň arasyndaky dogruçyllykdan, düşünmeklikden, sabyrlylykdan we hormatdan doly bolan gatnaşyklary ýola goýýandygyna syn edip bildim. Beýle gatnaşyklar hiç haçan hem öz-özünden peýda bolýan däldir. Şu gün meniň gyzlarym 29 we 27 ýaşlarynda. Olar öňküleri ýaly häzir hem Togettany söýüp, oňa hormat goýýarlar. Olaryň her biri şu gün öz durmuşlary bilen ýaşaýarlar, ýöne men Hudaýyň olary Togetta bilen ýakynlaşdyrýandygyna şaýatkär boldum. Hudaý Özünden başga hiç kimiň hem edip bilmejek işlerini amala aşyrdy. Şeýle-de, Hudaý maňa bir oglany ogullyga almaklyga kömek etdi. Ol oglan dünýädäki iň oňat ogul boldy. Häzir ol 14 ýaşynda. Men ony güýçli söýýän, ol hemişe-de maňa uly şatlyk getirýär! Ähli çagalarymyň halas bolup, Hudaýy söýýändikleri üçin men Oňa çäksiz minnetdardyryn. Biz bilelikde agyr döwri başymyzdan geçirdik, Hudaýyň öýümizi gorap, maşgalamyzy abatlamagy üçin biz bilelikde dileg etdik. Bir tarapdan, biz adaty çopan maşgalasynyň mysalydyrys, emma beýleki tarapdan bolsa, biz Özüniň şöhraty üçin gatnaşyklara şypa berip, olary berkitmäge ukyply bolan Hudaýyň täsin güýjüniň şaýatkäridiris. Şeýle-de, men aýalymyň ýüregini döküp bileri ýaly onuň üçin Hudaýyň birnäçe ynanýan aýallary ibermegini diledim. Çopanlaryň aýallarynyň köplenç ýeke bolýandyklaryna men üns berýärin, çünki olaryň özleriniň ýüreklerini açarlary ýaly ynamdar dostlary ýokdur. Olaryň ynanar ýaly hiç kimi ýok. Men aýalymy söýüp biler ýaly, onuň bilen hemişe bile dileg edip, gerek bolanynda onuň tarapynda durup biljek aýallar hakynda dileg etdim. Men Hudaýyň aýalyma beren joralary üçin minnetdardyryn, çünki aýalym olar bilen hem şatlygy, hem-de gaýgylary bilen paýlaşyp bilýär. Şeýle-de, men aýalym bilen dükanlara gidip, onuň bilen söwda-satyk edýän aýallara hem minnetdardyryn, çünki ol aýallar bilen gürrüňdeşlik meniň aýalyma hezillik getirýändir. Ynamdar bolan Hudaý meniň aýalymyň adamlar bilen gatnaşygy baradaky eden dileglerimiň baryna mydama jogap berdi. Dileg Eý Hudaý, men aýalymyň (aýalyňyzyň ady) oňat ynanýan joralarynyň bolmaklygy üçin dileg edýärin. Goý, olar bilen gürrüňdeşlik aýalym üçin güýjüň çeşmesi bolsun. Goý, aýalym hemişe-de şol joralarynyň dileg goldawlaryna bil baglap bilsin. Aýalymyň durmuşyndan oňat miwe getirmeýän gatnaşyklary aýyr. Şeýle-de, men öz aýalym bilen maşgalamyň agzalarynyň arasynda oňat gatnaşyklaryň bolmaklygy üçin dileg edýärin. Goý, Seniň söýgi we ylalaşyk Ruhuň olaryň her birleriniň ýüreklerinde ornaşsyn. Garyndaşlarymyz bilen gatnaşyklardaky her bir düşünmesizlikleri aradan aýyrmaklygyň üçin Senden haýyş edýän. Ýagdaýy oňat tarapa üýtgetmeklik üçin meniň näme etmelidigimi Sen maňa görkez. Aýratyn hem şu wagt men aýalym bilen… (dostunyň ýa-da maşgalanyň agzasynyň ady) arasyndaky gatnaşyklaryň oňatlaşmagy üçin dileg edýärin. Duşmançylykly taraplary ýaraşdyr, dargan dostlugy dikelt. Eý Hudaý, meniň aýalym bagyşlamagy başaryp, ony islemekligine kömek et. Hatda eger onda beýle isleg bolmasa-da, Saňa tabyn bolmaklyk üçin muny etmegine kömek et. Bagyşlamagyň onuň duşmanyny aklaman, aýalymyň özüni azat edýändigini oňa düşündir. Eger aýalymyň ýüreginde köne öýke-kine saklanyp gelinýän bolsa, onda onuň muny Seniň öňüňde boýun alyp, ondan azat bolmalygy hakyndaky hakykaty oňa aýan et. Aýalym bilen meniň bir-birimize bolan öýke-kineleri ýatlamazlygyma kömek et. Diňe Saňa bütin hakykatyň aýandygy sebäpli, biziň höküm etmäge hakymyzyň ýokdugyny ýatda saklamaga kömek et. Meniň aýalymy maşgalam üçin, onuň dostlarydyr işdeşleri üçin we ýygnak üçin hem yşyk et. Goý, onuň adamlar bilen gatnaşygy arkaly Seniň şöhratyň artsyn, eý Hudaý. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Dogry adam goňşusyna ýol görkezýändir; erbetleriň ýoly bolsa olary azaşdyrýandyr. Süleýmanyň tymsallary 12:26 Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, dileg etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň. Markus 11:25 Tanyş-bilişi köp bolan özüni heläkler; emma dogandan hem ýakyn dost bardyr. Süleýmanyň tymsallary 18:24 Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň. Ef. 4:31-32 Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz. Luka 6:37 DOKUZYNJY BAP. AÝALYŇYZYŇ ILERI TUTULMALARY Siziň aýalyňyz mydama daş-töwerekdäkileriň berk ünslerinde bolýandyr, hiç bolmanda, oňa edil özüne adamlaryň bahalandyryjylyk bilen seredýändikleri ýaly bolup görünýändir. Dünýäniň ýazylmadyk kanyny hut şeýledir — siziň aýalyňyz çagalaryňyzyň özlerini alyp baryşlaryna, olaryň mekdepdäki üstünliklerine we olaryň geljekdäki durmuşlaryna jogapkärdir. Eger aýalyňyz ýygnakda, ýa-da mekdepde, ýa-da öz etrabynda, ýa-da öz jemgyýetinde işli bolmasa, onda ol hökman sessiz hökümdarlyga duş gelýändir. Adamlar adatça öý-içeriniň tertipliligi hakynda gybatlar esasynda karar kabul edýärler (ýöne öýüňiziň daş görnüşi hakynda sizden talap edilýändir). Eger siziň aýalyňyz işleýän bolsa, onda ýagdaý has-da agyrlaşýandyr, çünki özi üçin işiň ähli zatdan hem beýikdigi hakynda ol bütin durmuşy bilen şaýatlyk edýändir. Galyberse-de, ol göreldeli aýal, ene, gyz, jora we goňşy bolmalydyr. Eger birden ol şu rollaryň birini ýerine ýetirip bilmese, onda gaty dyrjaşýan kazylar topranyň öňünde durmaly bolýandyr. Aýalyňyz heniz şol rollaryň biri üçin wagtyny sarp edýärkä, beýlekileriň bolsa howp astynda galýandygy hakynda aladalanýandyr. Käwagt bolsa edil özüniň günäkär däldigini subut etmelidigi we hatda rehim edilmegi hakynda dileg etmelidigi baradaky pikirler hem kellesine gelýändir. Ony hemişe garalaýjyda özüniň üstünsizlikleri hakynda şaýatlyk etjek oňat taýýarlanan şaýatkärleriň bardygy bilen bolsa iş has-da agyrlaşýandyr. Garalaýjynyň ähli garalamalary edil esaslandyrylan, aýalyňyzyň subutnamalary bolsa dessine ret edilýän ýalydyr. Aýalyňyzyň aňynda dyngysyz soragnama bolup geçýändir. Garalamalar gaty agyr. Onuň günäkärlenýän kanuny bozmalary şeýle agyr jezanyň berileri ýaly kän bir çynlakaý hem däldir. Ahyrynda aýalyňyz bar güýji bilen synanyşýandyr. Näme üçin bu hiç haçan hem ýeterli bolýan däldir? Jemgyýet aýallardan gaty kän zady dileýändir; erkeklerden hem ol kän zady dileýändir, emma gaty başgaçadyr. Mysal üçin, maşgalany eklemeklikde erkekler aýallardan hem has uly jogapkärçiligi öz üstlerine alýandyrlar. Aýal bolsa maşgalany eklemeklige kömek edýändir, emma munuň üçin aýal jogapkärçiligi çekýän däldir. Hatda aýal maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolup hem kän pul gazanmaýan, işinde bolsa üstünlikli bolmaýan bolsa, onda ony hiç kim hem höküm etmez. Erkege bolsa jemgyýet beýle rehim edýän däldir. Ýöne aýalyň işläp, maşgala gaznasyna näçe pul getirýändigine, äriniň bolsa öýde oturyp, çagalary bilen meşgullanýandygyna seretmezden, eger çagalary bilen mekdepde ýa-da olaryň dostlary bilen bir kynçylyk ýüze çyksa, onda bular üçin jogap berjek aýal bolýandyr. Käwagtlar aýala bildirilýän talaplar şeýle bir güýçli bolýar welin, hatda ol bulara çydap bilmän, güýçden gaçýandyr we öz borçlaryny ýerine ýetirmegi başarýan däldir. Şonda ol has-da ruhdan düşüp, hatda keselläp hem bilýändir. Bu ýagdaýlara dogry düşünmeklik sizi aýalyňyz üçin dileg etmäge ruhlandyrýandyr. Aýal durmuşynyň çylşyrymly kynçylyklaryň ýene biri — bu myhmansöýer, tertipli, oňaýly we howpsuz bolan maşgala ojagyny abat saklamaklyk borjudyr. Düzgün bolşy ýaly, ýaşaýyş ýerini saýlamakda erkek erjeldir, emma ol muny aýal ýaly ýiti duýgular bilen başyndan geçirýän däldir. Eger aýal özüniň oňaýly we myhmansöýer öý gurmaklyk ukybyna sübhelenýän bolsa, munuň üçin onuň wagtydyr puly bolmasa, onda öý tükeniksiz howsalalaryň we betbagtçylyklaryň çeşmesi bolýandyr. Mysal üçin, Bill bilen Saranyň öýüne gelen adamlar olaryň öýleriniň tertipsizdigini görenlerinde, olar Bill tertipsiz diýip pikir etmezler, ýok, olar bada-bat Saranyň erbet öý hojaýynydygy hakynda pikir ederler. Ine, näme sebäp bilen öýdäkiler tertipsizlik edenlerinde, siziň aýallaryňyz gaty gaharlanýandyr. Ýa-da başga mysal, diýeliň, siz aýalyňyza duýdurman, birden öz ýanyňyz bilen öýüňize dostuňyzy agşamlyk naharyna getirýärsiňiz. Bu ýagdaý aýalyňyzyň gaharyny getirýän bolmagy ahmal. Ýok, siziň aýalyňyz öýünde bu adamy görýändigi üçin gaharlanýan däldir. Siziň aýalyňyz myhmany garşy almaga taýyn däldir. Ol öýi tertibe getirip ýetişmedi, agşamlyk nahary bolsa hemişekisi ýaly adaty nahardyr. Hut şunuň üçin özüni höküm ederler diýip, siziň aýalyňyz gorkýandyr. Köp aýallar üçin saçagy näz-nygmatlardan doldurmaklyk olaryň özlerine bolan ynamlylyklaryny berkedýändir. Ýaňky ýagdaýda bolsa aýalyňyz özüniň ähli başarjaňlygyny görkezmeklikden mahrum edilendir, ol hiç kimi hem geň galdyryp bilýän däldir. Eger Hudaýdan rugsat alynmadyk bolsa, onda öýi gurmaklygyň biderekdigi hakynda Mukaddes Kitapda aýdylandyr. Öý aladalary ençeme ownuk borçlary öz içine alýandyr we olaryň yzlary üzülýän hem däldir. Olaryň käbirleri bolsa şeýle bir boş ýaly görünýärler welin, hatda ol işlere Hudaýy goşmaklyk ýakymsyz ýaly hem bolup görünýändir. Emma eger biz Onuň bilen ähli aladalarymyzy paýlaşmaga taýyn bolsak, onda Ol biziň aladalarymyzy ýeňilleşdirmäge hemişe-de taýyndyr. Aýallaryň aglabasy diňe öý aladalary bilen däl-de, eýsem öýden daşary işler bilen hem meşgullanmagy isleýändirler. Bu siziň aýalyňyzyň aladalaryny ýeňilleşdirip bilerdi, emma munuň üçin siz aýalyňyzyň öý aladalary baradaky ýüküniň ýeňilleşmegi üçin dileg etmelisiňiz. Şübhe etmäň we Hudaýa ýüzlenip, nädip aýalyňyzyň ýüküni ýeňilleşdirip biljekdigiňizi Ondan soraň (meniň üçin öz ärimiň hemişe-de maňa öý işlerine kömek etmeklik taýynlygy gaty gymmatbahadyr). Hiç kim aýala minnetdarlyk bildirmäninde, öý-içerisiniň aladalary onuň üçin agyr iş bolup biler. Aýalyňyzyň öýde edýän ähli işlerine beýik baha bermekligi ýadyňyzdan çykarmaň. Siziň goldamagyňyz aýalyňyz üçin gaty wajypdyr; özi üçin onsuz hem agyr ýüki ýene-de agyrlaşdyraryňyz ýaly siziň ýeňilkelle däldigiňizi ol bilmek isleýän däldir. Özüniň ileri tutmalaryny ýerbe-ýer etmeklik bilen, aýal adatça hemmeleri we ähli zady özünden hem beýik tutýandyr. Şeýle agramlar onuň içki gaýgylarynyň we nerw sistemasynyň güýçden gaçmaklygynyň sebäbi bolýandyr. Bu ýagdaý bada-bat göze ilýän däldir, emma wagtyň geçmegi bilen günleriň birinde onuň bedeni edil kalsiý ýetmeýän süňk ýaly pytradylyp bilner. Eger siziň aýalyňyz özünden başga hemmeler üçin hyzmat edip, hemişe özi hakynda ýadyndan çykarýan bolsa, onda beýle durmuş ony tapdan gaçyrýandyr. Ol mundan beýläk hiç zat hem berip bilmez. Aýalyňyzyň özi üçin hem wagt tapyp bilmekligi üçin dileg ediň. Mundan ol diňe özüni söýüji bolýan däldir — mundan onuň durmuşynyň merkezini Hudaý eýeleýändir. Öz borçlaryny dogry yzygiderlilikde ýerleşdirmek aýal üçin kyndyr, çünki onuň durmuşynda aýratyn ünsü talap edýän zatlar gaty kändir. Aýalyňyz siziň dilegleriňize gaty mätäçdir. Eger siz aýalyňyzy höküm edip, ony masgaralan bolsaňyz, siz muny erbet niýetler bilen eden dälsiňiz diýip umyt edýärin. Öz günäkärlemeleriňizden ýüz dönderiň, aýalyňyzy aklaň we mundan beýläk adalatsyz höküm etmekligi özüňize gadagan ediň. Älimiň iň ýokary ygtyýarlygyna eýe bolan Beýik Kazy tarapyndan aýalyňyzyň aklanandygyny duşmana mälim ediň we duşmanyň ony höküm etmeklige hakynyň ýokdugyny şeýtana ýatladyň. Beýik aklama baradaky aýalyňyzyň şahsy şaýatlygy kanuna boýun bolan beýleki aýallaryň hem kanundan azat bolup biljekdiklerine ynandyryp biler. Çünki ol aýallar hem daş-töwerekdäkiler tarapyndan talap edilýän kanunyň ýerine ýetirilip bilinmejek talaplarynyň astyndadyrlar. Onsoň aýalyňyzyň öz durmuşynda ileri tutmalarynyň ýerbe-ýer edilmeginde Hudaýyň erkiniň amala aşmagy hakynda dileg ediň. Aýalyňyzyň olar bilen neneň üstünlikli bolýandygy hakynda höküm çykarmaklyk biziň işimiz däldir. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Öz durmuşynda Hudaýy birinji orunda goýmalydygyny ýadyndan çykarmazlygy; • Siziň bilen gürrüňdeş bolmaklyk üçin wagt tapmaklygy; • Çagalar bilen gürrüňdeş bolmaklyk üçin wagt tapmaklygy; • Özi üçin wagt tapmaklygy; • Myhmansöýer we amatly öý gurup bilmekligi; • Öz wagtyny akylly ulanyp bilmekligi; • Durmuşyndaky ileri tutmalara dogry düşünip, olary ýerbe-ýer goýup bilmekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Eger durmuşda ileri tutulmalar dogry ýerleşdirilen bolmasa, onda ol durmuş maksatsyz bolýandyr. Biziň erkek borçlarymyzyň näçe agyr bolandyklaryna seretmezden, olar aýallaryň borçlaryndan gaty ýeňildirler. Men aýalym Stormy barada dileg etmeklik üçin kän wagt sarp edýändirin we ol dileglerimde Hudaýyň onuň durmuşynda dogry tertibi ornaşdyrmagyny haýyş edýändirin. Diňe şonda aýalym öz aladalarynyň merkezinde bolanynda-da, mydama şatlygy we rahatlygy duýup bilýändir. Eger biziň birimiziň durmuşymyzda şatlyk bolmasa, onda bu hökman tizara biziň bilelikdäki durmuşymyzda aýan bolýandyr. Her bir erkegiň aýalyny ruhlandyrmaklyk üçin ýeterli sözleri bolmalydyr. «Sag bol. Gaty minnetdardyryn. Sen muny gaty täsin etdiň»; «Seniň çagalar hakynda gowy aladaň üçin sag bol»; «Seniň meniň aýalymdygyň üçin sag bol» — ine, bu sözlerden aýalyňyz hiç haçan hem ýadaýan däldir. Şeýle-de, biz aýallarymyzyň Hudaýy gözlemekleri üçin we diňe Onuň islegini ýerine ýetirmekligi öwretmekleri hakynda dileg etmelidiris. Eger biz dileg etmeýän bolsak, onda aýallarymyzyň Hudaýyň sesini eşitmekligine we özleriniň gitmeli ýollaryny görmeklerine päsgel berýändiris. Aýalym hakynda dileg etmeklik bilen men onuň öňünde Hudaýyň goýan maksatlaryny ýerine ýetirip bilmekligine kömek edýändirin. Öňler men stres — bu diňe erkeklere mahsus bolan zatdyr hasaplardym. Hawa, elbetde! Men golf meýdançasynda ýekelikde bolup, öz stresimi aýyrýardym. Golf meýdançasyna baranym dessine, men ahyrsoňy biraz dynç almaklyk üçin wagt tapyp bilendigim üçin özümi bagtly hasaplardym. Stormy bolsa şol wagt oturara ýer tapmazdy: ol özüniň tizara tabşyrmaly kitabynyň üstünde işleýärdi, gyzymyza öý işlerini ýerine ýetirmäge kömekleşerdi, öýi arassalardy, nahar taýýarlaýardy, şeýle-de iş bilen baglanyşykly duşuşyklary geçirip, ömür razy bolmaýan äri üçin hem wagt tapardy. Biziň aýallarymyzyň borçlary biz-erkekleriňkiden has kändir. Erkekler uly we wajyp kynçylyklary çözýändiklerine seretmezden, olar adatça munuň üçin az wagt sarp edýärler; aýallar bolsa ençeme ownukly kiçi kynçylyklary çözmeli bolýandyrlar. Men Stormynyň gündelik güýjüni saklap bilmekligi üçin onuň her gününi dogry planlaşdyryp bilmekligi hakynda men Hudaýdan diledim. Hudaý hemişe hem meniň dileglerime jogap berdi. Dileg Eý Hudaý, men şu gün öz aýalym (aýalyňyzyň ady) üçin dileg edýärin we Seniň ol hakynda alada etmegiňi soraýaryn. Her gün ilki bilen Seni gözläp, durmuşynda ilkinji orunda Seni goýmalydygyny oňa aç. Öz wagtyny dogry planlaşdyryp, ony peýdaly ulanmaklygyna kömek et. Özüniň her bir wezipesini doly berjaý edip bilmekligi üçin ileri tutulmalaryny dogry tertipde ýerleşdirip bilsin. Aýal, ene, hojaýyn, işleýän aýal, ýygnakdaky hyzmatkär rollarynyň arasyndaky altyn ortarany tapyp bilmekligine kömek et. Şeýle-de, özüni mydama durnukly duýup bileri ýaly, özi üçin wagt tapyp bilmekligine hem öwret. Özüni mydama günäkär duýmaklykdan ony azat et. Goý, ähli işleriniň arasynda ol meniň üçin hem wagt tapyp bilsin. Ähli borçlaryny şatlyk bilen edip bilmekligi üçin oňa güýç we kuwwat ber. Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: aýalyma (aýalyňyzyň ady) biziň öýümizi amatly we parahatly etmeklige kömek et. Biziň maddy ýagdaýymyza seretmezden, biziň öýümizi her bir kişä şatlyk getirýän ajaýyp ýere öwürmekligi üçin aýalyma akyldarlyk, güýç-kuwwat we aýdyň aň ber. Men Senden haýyş edýärin: onuň egnindäki öý-içeriniň aladalarynyň ýüküni ýeňlet we ýüreginde parahatlyk tapmaklygyna kömek et. Meniň nädip ony goldap, öý aladalaryna nädip kömek edip biljekdigimi maňa görkez. Mukaddes Ruh, biziň öýümizi parahatlykdan, söýgüden we birlikden doldurmagyňy haýyş edýärin. Goý, biziň öýümiz akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilsin. Goý, ol «her hili gymmat baha hem ýakymly şaý-sepden» dolsun (Süleýmanyň tymsallary 24:3-4). Eý Hudaý, öýümizde Seni şöhratlandyrmaýan ähli zatlary görkez. Men şeýle diýýärin: «Men tutuş hojalygym bilen bile Rebbe sygynjakdyryn» (Ýeşuwa 24:15 seret). Meniň aýalyma (aýalyňyzyň ady) gündelik işlerini alyp barmaklyga kömek et we öz üstüne çendenaşa borçlary almazlygy öwret. Özüniň ileri tutmalarynyň manylaryna dogry düşünmegine we olary dogty deňagramlylykda saklap bilmekligine kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Her zadyň zamany we gökler astynda her işiň wagty bar… Wagyzçy 3:1 Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Matta 6:33 Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir… Mezmur 127:1 Içerisiniň işlerine gözegçilik edýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir. Süleýmanyň tymsallary 31:27 Dogry adamyň agzy hikmeti beýan edýändir, dili hak sözleýändir. Mezmur 36:31 ONUNJY BAP. AÝALYŇYZYŇ GÖZELLIGI Aýalyňyzyň nähilidigine — ýaş ýa-da garry, özüne ynamly ýa-da utanjaň, ýetişen ýa-da çagalyk häsiýetli bolýandygyna seretmezden, ol mydama öz bolşundan owadan bolmaklyk isleýändir. Köp aýallar hiç-de öz owadanlyklaryny görmeýärler. Özüniň owadanlygy hakyndaky gowy gözleri eşitmegi islemeýän ýekeje-de aýaly men bilýän däldirin. Hawa, eger ol sözler onuň äri tarapyndan aýdylýan bolsa, onda bu onuň üçin has-da aýratyndyr. Eger siz şeýle sözleriň kanagatlanma getirmeýän aýaly bilýän bolsaňyz, onda ol aýal ýa-da beýle sözleri ençeme ýyldan bäri eşiden däldir, ýa-da ol sözler nädogry aýdylan bolmalydyr. Näme bolýandygyna seretmezden, bir zat mälimdir: hoşamaý sözlere aýalyň biperwaý bolmaklygy — ruhy keseldir. Hudaý aýallary owadan edip ýaradypdyr. Mukaddes Kitapdaky aýallar neneň owadandyrlar — Saraý, Rahel, Ribka, Ester. Merýem bilen How enäniň owadanlygyna kim şübhelenýändir? Özünde we daş-töwereginde owadanlygy görmeklik aýal üçin tebigydyr. Hudaý oňa şeýle sylag beripdir, çünki Ol aýalyň öz ýüregini Öz öňünde, ýagny owadanlygyň kämil nusgasy bolan Hudaýyň öňünde açyk bolmaklygyny isleýändir. Hudaý aýalyň bakyşynyň Özüne gönükdirilmegini we aýalda Özüniň owadanlygynyň serpikdirilmegini isleýändir (Mezmur 27:4 seret). Özüniň söýgülidigi hakyndaky pikir aýaly owadan edýändir. Şonuň üçin hem onuň ýüreginde Hudaýyň Ruhunyň mydama bolmaklygy we Hudaý bilen bolmaklyk islegi, Ony alkyşlap, şöhratlamak — ine, bu owadanlygy saklamagyň iň oňat serişdesidir. Hudaýyň söýgüsi aýaly hem daşdan, hem-de içden owadan edýändir. Äriniň söýgüsi hem aýaly owadan edýändir. Söýülmeýän aýal solýandyr we ölýändir. Näme üçin çagalary bilen gürrüňdeşlik aýala uly lezzet berýändir? Çünki bütin gün mähirlilik bilen söýgi ony gurşap alyp, ýüregini doldurýandyr. Emma çagalarynyň söýgüleriniň näçe güýçli bolýandygyna seretmezden, aýal äriniň söýgüsine has-da mätäçdir, çünki ärini söýgüsi oňa kanagatlanma getirýändir. Äriniň söýgüsi aýaly baý edýändir; ol söýgi aýalyň özüni owadan duýmaklygyna mümkinçilik berýändir. Netijede bolsa bu ýagşylygyň akymy äriň özüne gaýdyp gelýändir (Maýkl mydama maňa özümiň owadandygym hakynda aýdýar, hatda käwagt bu şeýle bolmasa-da. Käwagtlar bolsa men onuň özüme kän göz dikmezligi hakynda soraýaryn. Emma näme bolsa-da, men ondan şeýle sözleri eşidenimde, özümi gaty owadan duýýandyryn). Siziň aýalyňyz owadandyr. Goý, ol kämil bolmasa-da, onuň daş-keşbi gaty owadandyr. Men muňa ynamdardyryn, çünki eger siz onuň gözelligini gören bolmasadyňyz, onda oňa öýlenmezdiňiz. Eger erkek aýalyň owadandygyny görmese, onda ol hiç haçan hem oňa öýlenýän däldir. Eger siz aýalyňyzy söýýändigiňizi aýdar ýaly ony söýýän bolsaňyz, onda näçe wagtdan bäri öýlenendigiňize seretmezden, siz onuň owadanlygyny mydama görüp bilýänsiňiz. Erkek aýala näçe özüni owadan duýmaklyga kömek edýän bolsa, aýal özüni şonça-da owadan duýýandyr. Belki-de, siz Meniň ajaýyp zenanym atly sazly sahnasyndaky tanymal aýdymy ýadyňyza salansyňyz «Näme üçin aýal erkege deňeşip bilmez?» Belki-de, siz hut wagt hem ony aýdýansyňyz? Emma men size aýallaryň erkeklere meňzeş däldiklerini aýtmak isleýärin, olar dürlüdirler. Bir tanymal kitabyň adynda erkekler bilen aýallaryň dürli planetalaryň ýaşaýjylary hakynda gürrüň berilýändir. Beýle diýmekde hakykat bardyr. Olar dürli galaktikanyň ýaşaýjylar diýse, gaty takyk bolardy. Şonuň üçin hem aýal erkege meňzeş bolup, aýallygyna galyp bilýän däldir. Şonuň üçin eger siz aýalyň owadanlygy hakyndaky dilegiň wajypdygyna düşünmeýän bolsaňyz, onda ýöne maňa ynanaýyň. Men özümiň näme barada diýýändigimi bilýändirin, şonuň üçin hem meni soňuna çenli diňläň. Aýalyňyzyň özüne nähili seredýändigi we özüni nähili duýýandygy siziň ikiňiz üçin hem wajypdyr. Hem onuň, hem-de siziň bagtyňyz hut şuňa baglydyr. Elbetde, aýalyňyzyň nika baglaşmazyndan ozal özi üçin ýaradan keşbi üçin siz jogapkärçiligi öz üstüňize alyp bilýän dälsiňiz, emma onuň mundan beýläk eýe boljak keşbine siz ýa-da oňat, ýa-da erbet täsir edip bilýänsiňiz. Siziň sözleriňiz aýalyňyzda şeýle bir gözelligi oýadýandyr welin, hatda ol hakda siz oýlanyp hem bilen dälsiňiz. Bir gezek meniň joram Terri äri bilen dükanda aýlanyp ýörkä, ondan şeýle diýip sorapdyr: «Saňa bu ýerde gerek zat barmy?» Onuň äri Maýkl aýalyna seredip: «Maňa bu ýerde senden başga hiç zat hem gerek däl» diýip jogap beripdir. Bu sözlerden soň aýaly özüni owadan däl saýandygy hakynda oýlanyp bolarmy? Hut şeýle sözler hakynda men şu wagt gürrüň edýärin. Eger siziň aýalyňyzy ýaşlygynda ata-enesi, doganlary ýa-da joralary kemsidip, onuň owadan däldigi hakynda pikiri kellesine guýan bolsalar, onda onuň şu günki özüne baha berşi gaty aşak bolmagy mümkindir. Kim bolsa-da biri ony munuň şeýle däldigine yrmaga synanyşsa-da, bu biderek bolar, çünki ony özüniň owadandygyna ynandyryp biljek diňe iki şahsyýet bardyr — Hudaý we siz. Emma hatda siz hem hiç zat edip bilmersiňiz, eger ilki bilen Hudaý owadanlygy hakynda oňa aýtmasa. Eger aýalyň içki ynamy bolmasa, onda äri onuň näçe owadan we gözeldigi hakynda aýdybersin, bary biderek bolýandyr. Diňe siziň dilegleriňiz baryny üýtgetmäge ukyplydyr. Siziň dilegleriňiz aýalyňyzy köne durmuşyndan azat edip, hakykaty aýdýan Hudaýy diňlemekligine kömek eder. Şeýle-de, siziň dilegleriňiz özüne ynamlylyk bilen özüni ýamanlamagyň altyn ortarasyny tapmaga kömek edýändir. Ol altyn ortarany her bir sagdyn bolmaklygy isleýän aýal tapmalydyr. Özüniň owadan däldigini dyngysyz tassyklaýan adamyň jemgyýetinde bolmaklyk siziň haýsyňyza ýaraýandyr? Ýa-da özüni hemmelerden owadan saýýan aýalyň jemgyýetinde kim durup biler? Elbetde, adamlaryň aglabasy şeýle iki ýagdaýlara düşýän däldirler, ýöne özleriniň daş-keşpleri bilen nägile bolan aýallar gaty kändirler. Munuň sebäbi dünýä bize mydama owadan aýalyň nusgasyny görkezmäge synanyşýandygyndadyr. Eger aýal anyk bir ölçege, ýagny bedeniniň ölgeçleriniň, saçlarynyň reňkiniň, gözleriniň we dodaklarynyň kesgitli bolmaklarynyň şol anyk ölçege laýyk gelmäninde, ol aýal owadan däl hasaplanylýandyr. Öz aýalyňyzyň jemgyýetiň pikiriniň süteminden azat bolmaklygy, gözleriniň bolsa diňe Hudaýa gönükdirilip, diňe Onuň gözelliginden gözellik alyp bilmekligi hakynda dileg ediň. Özi hakynda hoşamaý sözleri eşitmeklik aýallaryň ýaşlygyndan başlanýandyr. Meniň gyzym iki ýaşyndaka, men her bazar gün ony ýygnaga taýynlamak üçin, oňa iň owadan köýnegini geýdirerdim we onuň gaty owadandygyny aýdardym. Bu bolsa oňa lezzet berýärdi. Emma şondan soň men ony hemişe goňşy otaga iberip, kakasyna görünmegini haýyş ederdim. Eger kakasy gyzynyň owadanlygy aýdaýsa, onda gyzymyz şatlykdan şöhle saçardy. Aýalyň haýsy ýaşda bolýandygyna seretmezden, äri tarapyndan aýdylan hoşamaý sözler onuň ýüregini şatlykdan doldurýandyr. Şonuň üçin diňe bir aýalyňyz däl, hatda gyzyňyz hem sizden şeýle sözleri eşitmäge zardyr. Aýallaryňyz siziň pikir edişiňizden hem gaty kän ol sözlere mätäçdirler. Öz ejeňize we eneňize olaryň owadanlygy hakynda aýtmaklygy ýadyňyzdan çykarmaň. Aýalyň iki ýaşynda ýa-da bir ýüz iki ýaşynda bolýandygyna seretmezden, onuň ýüreginde ot ýakmaklyk siziň ygtyýaryňyzdadyr. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Özüni Hudaýyň söýýändigini bilmekligi; • Öz içinde Hudaýyň gözelligini duýup bilmekligi; • Siziň söýgüňizi duýmaklygy; • Özüne mynasyp baha bermekligi; • Özi üçin hemişe wagt tapyp bilmekligi; • Özüni has-da owadan edip bilmekligi; • Özüni siziň owadan saýýandygyňyzy bilmekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Biz, erkekler öz aýallarymyzy hoşamaý sözler bilen läliksiretmeýändiris, çünki olaryň özlerini owadan duýmaklarynyň neneň wajypdygyna düşünmeýändiris. Käwagtlar Stormynyň näme üçin gaty görmegeý bolmaklyga çalyşýandygy meniň üçin gyzykly. Elbetde, men onuň işiniň netijesini görýärin, emma iň esasy zat — bu ähli aýallar ýaly meniň aýalym üçin hem gözellik olaryň durklarynyň esasy bölegi bolup durýandygyndadyr. Şonuň üçin hem men Hudaýyň beren gözelliginiň duýgusynyň aýalymda ýaşamaklygy üçin dileg etmeklige özümi borçly duýýandyryn. Gepiň gerdişine görä, garyndaşlarynyň hiç biri hem aýalymyň çagalygynda onuň owadanlygy hakynda ýekeje söz hem aýtmandyrlar. Şonuň üçin hem ol özüniň hiç-de görmegeý däldigi pikirleri bilen ulalypdyr. Stormynyň keselhanada maňa: «Maýkl, men şu gün oňat görnüşde däldirin» diýenini ýadyma salýaryn. Men oňa jogap edip, şeýle diýipdim: «Mähribanym, men seniň öňünde oňat bolmadyk görnüşde günde durýandyryn!» Aýallarymyza olaryň owadandyklary hakynda aýtmaklyk bilen biz, erkekler olaryň özlerine baha bermeklerine uly täsir edýändiris. Stormynyň durmuşynyň şu tarapy barada men Hudaýdan Onuň gözelliginiň aýalymda serpikdirilmegi üçin dileg edýärin. Maňa ynanaýyň, bu işleýändir! Dileg Eý Hudaý, men aýalyma (aýalyňyzyň ady) Seniň gözleriňde gymmatbaha bolan «ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegini» bermekligiňi haýyş edýärin (1 Petrus 3:4 seret). Seniň oňa beren gözelligiňe ýokary baha berip bilmekligine öwret. Ony ruhlandyryp, onuň owadanlygy hakynda aýtmaklygy hiç haçan hem men ýadymdan çykarmaýyn. Eger geçmişde kimdir biri onuň owadan däldigine ynandyryp, onuň mertebesini kemsiden hem bolsa, goý, Seniň hakykatyň bu ýalany onuň durmuşyndan gysyp çykarsyn. Onuň aňyny ähli öýkelerden we özüne aýdylan masgaralaýjy sözlerden azat et. Özüne baha bermekligiň aýalym üçin onuň daş-keşbi däl-de, Seniň Sözüňiň bolmaklygy üçin dileg edýärin. Seniň oňa seredişiň ýaly ol hem özüne seredip bilmekligine kömek et. Meniň üçin onuň uly mana eýedigini düşündirip bilmekligim üçin, Seniň gözleriňiň alnynda onuň gymmatbahadygyna aýalymy yr. Aýalyma özi hakynda alada etmekligi: oňat geýinmekligi, bezegleri dogry saýlamaklygy we Seniň şöhratyň üçin owadanlygyny aýdyň edýän kosmetikalary ulanmaklygyna öwret. Emma Seniň gözelliginden oňat hiç zadyň hem ýokdugyny ýadynda saklamaklyga kömek et. Töwerekdäkileriň aýalymda Seniň gözelligiňi görüp bilmekleri üçin, ony owadan et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Näziklik aldawçydyr, owadanlyk puçdur; diňe Rebden gorkýan aýal öwülýändir. Süleýmanyň tymsallary 31:30 Bezegiňiz saç örmek, altynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş däl-de, Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun. 1 Petrus 3:3-4 Patyşa seniň gözelligiňi arzuw eder, çünki Ol seniň Baýaryňdyr, Oňa sežde et. Mezmur 45:11 Rebbiň adyna mynasyp şöhrat berip, mukaddes dabara içinde Rebbe sežde ediň. Mezmur 29:2 Ol ähli zady öz wagtynda owadan etdi Wagyzçy 3:11 ON BIRINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ JYNSY GATNAŞYGY Başdaky on baplaryň sahypalaryny çaltlyk bilen agdaryp, şu bap üçin howlugandygyňyzy boýun alaýyň! Eger men munuň şeýledigini dogry bilen bolsam, onda utanmaň, siziň özüňizi alyp barşyňyz tebigydyr. Aýşy-eşret — bu erkegiň durmuşynyň diňe bir iň wajyp taraplarynyň biri bolman, eýsem onuň iň beýik talaplarynyň hem biridir (özüňiziň muny bilýändigiňize men ynamlydyryn). Dileg edýän aýalyň güýji atly kitabymda men erkekleri gaty gyzyklandyrýan bu bölüme ilkinjileriň biri bolan dördünji bapy bagyşladym (men ony birinji bapda ýerleşdirmedim, çünki bu kitap mesihiler üçin niýetlenendir). Aýallaryň iň ýiti mätäçlikleri hakynda gürrüň berýän siziň eliňizdäki bu kitapda «Aýalyňyzyň jynjy gatnaşygy» atly bapy men ortarada ýerleşdirdim (baplaryň yzygiderlilikleri meniň aýallaryň arasynda geçiren soragnamam esasynda ýerleşdirilendigini ýadyňyzdan çykarmaň). Erkekleriň ileri tutmalaryndakysy bolşy ýaly, aýalyň ileri tutmalarynda aýşy-eşret birinji orny eýeleýän däldir. Men munuň sebäbini aýal üçin aýşy-eşret temasynyň gaty çylşyrymly bolýandygynda görýärin. Aýal üçin özüni duýgularyndan, ýatlamalaryndan, pikirlerinden we geçmişiň wakalaryndan aýryp, arassa fiziki ten bolmaklyk gaty kyn ýagdaýdyr. Aýal diňe fiziki talaplarynyň kanagatlanmalaryny gözleýän däldir — ruhy mätäçlikleri onuň üçin gaty wajypdyrlar. Aýalyňyzyň jynsy durmuşy iki ýagdaýa baglydyr: 1. Onuň özüne bolan gatnaşygy. 2. Onuň size bolan gatnaşygy. Aýalyň özüne bolan gatnaşygy köplenç bütin durmuşynda erkekleriň oňa bolan gatnaşyklaryna baglydyr. Eger ony masgaralan bolsalar, kemsiden bolsalar, ýeterli baha bermedik bolsalar, eger ol zorluga duçar bolan bolsa, onda ol özüni dogry kabul etmeklige öwrenip bilmez. Hatda eger äri onuň göwnüne degmedik hem bolsa, geçmişdäki öýkeleri olaryň jynsy gatnaşyklary üçin böwet bolup bilýändir. Neneň geň eşidilýändigine seretmezden, eger aýal özüni owadan we keýpiňi göterýän duýmaýan bolsa, onuň üçin özüni şeýle alyp barmaklyk gaty kyn bolýandyr. Ýöne eger erkek aýalyny onuň gaty owadandygyna we güýçli söýýändigine ynandyryp bilse, onda aýal özüni söýgüli we islenilýän saýyp, ol öz äri bilen jynsy gatnaşykdaky ähli pikirleri bilen paýlaşyp bilýändir. Aýalyňyz size bolan nähili duýgulary başyndan geçirýär? Eger aýalyňyz size gaharly bolsa, sizden umydy üzülen bolsa, eger siz oňa agyry ýetiren bolsaňyz, onda bularyň bary siziň jynsy gatnaşyklaryňyza erbet täsir etmekligi mümkin. Eger siz hatda bilgeşleýin bolmasa-da, ýöne aýalyňyzyň göwnüne degen bolsaňyz, onda bu aýalyňyzda fiziki taýdan goranmyklyk ýagdaýyny döredýändir. Öýkäniň haçan ýetirilendiginiň hem tapawudy ýokdur (mysal üçin, bir aý mundan ozal we siz bu barada bireýýäm ýadyňyzdan çykarypdyňyz), siziň aýalyňyzyň ýüregindäki ýara uzak wagtlap agyry salyp bilýändir we bu siziň jynsy gatnaşyklaryňyza hökman täsirini ýetirýändir. Eger onuň ýüreginde size bolan agyry we öýke gizlenen bolsa, onda ynamly bolaýyň, ýagny fiziki taýdan ýakyn bolmaklyk pikiri aýalyňyzyň aňynyň töründe ýerleşendir. Aýal üçin aýşy-eýret — bu erkege bolan gyzyklanmasyny beýan etmeklikdir. Özüni masgaralan ýa-da kemsiden erkegiň näzlerini ulanmaklyk islegi aýala mahsus däldir. Erkegiň öz ýanýoldaşyna çuňňur duýgular duýman hem aýşy-eşret bilen meşgullanyp bilýändigine seretmezden, aýal beýle edip bilmeýändir. Elbetde, ol jynsy gatnaşyga gatnaşyp bilýändir, emma beýle ýagdaýda ol özüni satyn alnan ýaly duýýandyr. Aýalyň aýşy-eşretliligi onuň özüni söýülýändigini duýýan manalynda bolýandygyna görä, ol özüne agyry ýetiren adam bilen bu iş bilen meşgullanyp bilýän däldir. Är-aýallaryň aýşy-eşret gatnaşyklarynyň berkemeleriniň şerti — bu bir-birine bolan ynamdyr. Aýalyňyz size ynanmalydyr. Eger aýalyňyz diňe siziň dogruçyldygyňyza ynanyp bilýän bolsa, onda ol siziň durmuşyňyzyň beýleki taraplaryndaky ýalňyşlyklaryňyzy bagyşlap bilýändir. Eger siziň biriňiz beýlekiňiziň ynamyňyzy aklamadyk bolsaňyz, onda doly günäňi boýun almaklyk, bagyşlamak we şypa tapmak hakynda dileg etmelisiňiz. Aýal özüniň ynanmaýan adamyna hiç haçan hem öz tenini, aňyny we duýgularyny berýän däldir. Eger siziň durmuşyňyzda ýanýoldaşyňyza ikilik edilen ýagdaý bolan bolsa, onda siz güýçli ruha, tejribä we ynama eýe bolan, şeýle-de, ähli zady Hudaýyň üýtgedip, şypa berip we täzeden dikildip bilýändigine ynanýan mesihi-psihianalitik bilen maslahatlaşmalysyňyz. Wepalylyk wadasyny bozan ýanýoldaş öz günäsini boýun alyp, ötünç soramalydyr. Öz nika gatnaşyklaryňyzyň arassalanmagy üçin we wepalylyk wadasy durmuşyňyzyň esasy bolmaklylygy üçin dileg ediň. Eger şeýle bolmasa, onda ähli gizlin öýkeler nika ýassygyňyzda özleri barada arz ederler. Gatnaşyklaryň dikelmegi üçin diňe Hudaýyň amala aşyryp bilýän şypasy we ynamyň dikelmegi zerurdyr. Köp är-aýallaryň aýşy-eşret meselesindäki kynçylyklar olaryň nikadan öň alan erbet tejribeleri zerarly bolýandyr. Eger bu şeýle bolsa, onda erbet ýatlamalardan azat bolmaklygyňyz üçin dileg ediň. Siziň geçmişdäki gatnaşyklaryňyzyň jynlary ýatýan otagyňyzda aýlanyp ýöremeklerine ýol bermeli dälsiňiz. Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, är-aýallar özlerini ten gatnaşyklaryndan saklamaly däldirler. Emma şol bir wagtyň özünde olar bir-birleriniň ýagdaýlaryna we mätäçliklerine ünsli bolmaga borçludyrlar. Eger biri keselleýän bolsa, onda beýlekisi oňa düşünip, öz ýanýoldaşyny hormatlamalydyr. Aýallar ýygy-ýygydan özlerini ýadaw duýýarlar we äriniň islegini ýerine ýetirmeklik islemeýändirler, ýöne munda hiç hili erbet şahsy niýet ýokdur. Siziň aýalyňyzyň ünsi hemmelere: çagara, öý işlerine, döwlet işlerine, pullara, gaýgylara, gormonlaryň üýtgemelerine ýetmelidir we siziň hem bu barada bilmegiňizi ol isleýändir. Ýöne durmuşyň bu meselesini çetde saklamak dogry däldir, çünki ýaşaýyş aladalarynyň akymy aýaly şeýle bir uzaga äkider welin, hatda äri bilen jynsy gatnaşyklary onuň üçin wajyplygyny hem ýetirip bilýändir.Aýşy-eşret nikanyň iň bir esasy ornuny eýeleýändir. Erkekler bu hakda bilýändirler. Aýallar bolsa muňa mydama düşünýän däldirler. Olaryň käbirleri özleriniň ärleri üçin aýşy-eşretiň neneň wajypdygyna düşünmeýärler. Şonuň üçin hem kynçylygyň nämededigine aýalyňyzyň düşünmekligi we size zerur bolan ünsi we mähiri bermekligi üçin dileg edilmelidir. Sizden haýyş edýärin, özüňizi diňe özüni söýýän adam hasaplamaň. Bu beýle däldir. Siz ýöne ruhy ýarag bolan dilegi ulanyp, öz nikaňyzy goramak isleýänsiňiz. Eger nikaňyzyň jynsy gatnaşyklarynyň berkemegi hakynda dileg etmeklikden ýüz öwürseňiz, onda nikaňyz dargap bilýändir. Şonuň üçin hem nikaňyzyň şu wajyp tarapyny ykbalyň eline tabşyrmaň. Meniň häzir aýtjaklarym siziň üçin geň bolup görünmegi mümkindir, emma öýkelemegiň geregi ýokdur, çünki bu sözleri men ençeme aýallardan eşitdim. Aýal mydama aýşy-eşrete mätäç bolýan däldir — käwagtlar ol äriniň mährine we näzine mätäç bolýandyr. Aýalyňyz üçin belki-de, gujaklamakda, ogşamakda ýa-da ýönekeý ýakynlaşmakda beýan edilýän siziň bilen birligi duýmaklyk wajypdyr we şeýle ýagdaýlarda ol aýşy-eşret hakynda pikir hem edýän däldir. Aýalyňyz üçin jynsy gatnaşyk gerek däl — onuň üçin äri bilen ruhy ýakynlygy duýmaklyk gerekdir; aýalyňyza siziň söýgiňiziň subutnamasy gerekdir. Hudaýda güýçli bolan erkekden başga hiç bir owadan adam ýokdur. Şeýle erkek ýesir edijidir. Men ýönekeý, daş-keşpi bilen tapawutlanmaýan erkekleriň Hudaýy tanap, ynamda ösüp, Oňa meňzemeklige synanyşanlarynda, olaryň görmegeý bolýandyklaryna üns berdim. Eger siz aýalyňyz üçin görmegeý bolmaklyk isleýän bolsaňyz, onda Hudaýy tanap, Onda ösüň. Hudaýyň öz ýüregiňizi üýtgetmegine rugsat beriň we siz Oňa meňzeş bolarsyňyz, şonda Ol siziň diňe bir durkuňyzy däl-de, eýsem daş-keşbiňizi hem özgerder. Belki-de öz söýgüli adamyňy saklamaklygyň elli usuly bardyr we dileg olaryň biri bolup durýandygy sübhesizdir. Hudaýyň kömegi bilen galan kyrk dokuzyny hem tapyp biljekdigiňize man ynamlydyryn. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Siziň jynsy gatnaşyklaryňyzyň ikiňizi hem kanagatlandyrmaklygy; • Siziň jynsy gatnaşyklaryňyzda öz bähbidiňi gözlemekligiň bolmazlygy; • Nikaňyzda diri arzuw edijiligiň bolmaklygy; • Sizi uly mähir bilen bir-biriňizi islemekligiň birleşdirmekligi; • Siziň talaplaryňyza aýalyňyzyň ünsli bolmaklygy; • Aýalyňyzyň ýadawlygy siziň ýakyn bolmaklygyňyza päsgel bermezligi; • Bir-biriňize aýşy-eşter hezilligini berip bilmekligiňiz. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Meniň aýalym «gurjajyk» diýilýän aýallardandyr! Ol hemişe, biziň tanyş bolan günümizden bäri şeýledir we ol şu güne çenli hem şeýledir (doganlar, geliň, köpümiziň özümiziň saýlanlarymyzyň gözelliginden kellämiziň aýlanandygy sebäpli olara öýlenendigimizi boýun alalyň). Ýöne Stormynyň gözelligi — diňe onuň eden işi däldir, çünki ynanyň, ynanmaň, emma meniň hem muňa goşandym bardyr. Bu işe meniň gatnaşygym aýalyma wepaly bolmaklygy we hiç haçan hem jynsy gatnaşyklarymyzda bir-birimize bolan ynamymyzy ýitirmezligi wada berinimden bäri başlaýandyr. Biziň nikamyzy şeýtanyň dargatmagyna men ýol bermerin. Hawa, men kämil däldirin we pikilerimdede hemişe dogry däldirin, emma men duşmanyň batly sesini bada-bat tanaýandyryn. Duşman hemişe-de biziň aýallarymyzyň ýeterli owadan däldiklerini we wagtyň geçmegi bilen olaryň solýandyklaryny maňa ynandyrjak bolýandyr. Bizi günä bilen oýnamaklyga mydama itýändirler, öz hyýallarymyzy nikamyzdan daşary amala aşyrmaklygy teklip edýändirler. Emma biz Hudaýdan dileýän bolsak, onda Ol biziň är-aýal gatnaşyklarymyzy arassa saklamaklyga kömek edýändir. Eger biz kömek sorap Oňa ýüzlensek, onda Ol belalary bizden daş eder. Men aýalym bilen jynsy gatnaşyklarymyzyň dolulygy we owadanlygy hakynda dileg edýärin. Biziň üçin Hudaýyň taýýarlany bilen hiç bir hyýal hem deň bolup bilýän däldir. Şeýle-de, men aýalymyň özüniň bolşundan şatlyk duýgularyna eýe bolmaklygy üçin hem dileg edýärin. Bu hem gaty wajypdyr. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: şu gün meniň aýalyma (aýalyňyzyň ady), biziň nikamyza we jynsy gatnaşyklarymyza pata bermegiňi dileýärin. Meniň öz bähbidimi gözlemän, aýalyma ünsli bolmagyma kömek et; aýalymyň hem öz bähbidini gözlemän, maňa ünsli bolmagyna kömek et. Goý, biziň gatnaşyklarymyz mähirden we arzuw edijilikden doly bolsun we bir-birimize bolan höweslenme hiç haçan hem bizi taşlamasyn. Biziň jynsy gatnaşyklarymyzda bozulanlaryň baryny dogurla; günde bir-birimize üns we söýgi duýgularyny bildirmekligi ýadymyzdan çykarmazlyga öwret. Jynsy gatnaşyklarymyzyň yzygiderliligi biziň ikimizi hem kanagatlandyrmagyny men isleýändirin. Aýalymyň göwnüne degen pursatlarym meni sakla we onuň meni doly bagyşlap bileri ýaly ötünç soramaklygyma kömek et. Aramyzda dawalar peýda bolanynda, şeýtanyň nikamyza aralaşmazlygy üçin çaltlyk bilen ýaraşmaklygymyza kömek et. Eger haçan-da bolsa bir wagt biziň gatnaşyklarymyzyň ody bogup barýan tüssä öwrüläýse, onda Senden haýyş edýän: töweregimizdäki howany arassala we biziň söýgi odumyzy ýene-de täzeden tutaşdyr. Mydama aýalyma hormat bilen gatnaşyk etmekligi we hatda degişme bilen hem bolýan bolsa, öýke getirýän sözleri aýalyma aýtmazlygymy maňa öwret. Aýalym özüni ýadaw we kesel duýýan wagtlarynda, onuň mätäçliklerine düşünmegime kömek et. Şeýle-de, meniň jynsy gatnaşyklar babatdaky talaplaryma üns bermekligine aýalymy öwretmegiňi haýyş edýärin. Biziň jynsy gatnaşyklarymyzdaky altyn ortarany tapmaklyga diňe Sen kömek edip bilýänsiň. Biziň jynsy gatnaşyklarymyzy şatlyk bilen doldur, olary azat we gün-günden täzelenýän et. Goý, biziň jynsy gatnaşyklarymyz diňe bir tenimizi däl-de, ýüreklerimizi we ruhumyzy hem üzülmez baglanyşyklar bilen birleşdirsin. Bir-birimiziň isleglerimiz we talaplarymyz hakynda açyk aýtmaklygymyza kömek et. Bir-birimize elmydam wepaly bolmaklygymyza kömek et. Biziň durmuşymyzdan synagyň her bir sebäplerini aýyr. Eger biwepalyk biziň durmuşymyzda orun alan bolsa (ýa-da biriňiz günäli pikirler eden bolsaňyz), onda günäniň boýun alnyp, bagyşlanma alynmaklygy üçin dileg edýärin. Bizi hapa pikirlerden we hereketlerden arassala. Durmuşymyzyň şu wajyp tarapyna dogry baha bermeklige bizi öwret. Diňe bir-birimizi höwes etmeklik ukybyny bize ber. Biziň jynsy gatnaşyklarymyzy direlt we täzele. Goý, biziň jynsy gatnaşyklarymyz Seniň isleýşiň ýaly bolsun. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr. Diňe oraza we dileg bilen meşgul bolar ýaly, ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň. Wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň. Emma muny buýruk däl-de, rugsat hökmünde aýdýaryn. Men ähli adamlaryň özüm ýaly bolmagyny arzuw edýärin, ýöne her kişiniň Hudaýdan öz sylagy bardyr; biriniňki bir hili, başga biriniňki başga hilidir. 1 Kor. 7:4-5 Ýöne ahlaksyzlykdan saklanmak üçin, her kişiniň öz aýaly we her aýalyň öz äri bolsun. Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin. 1 Kor. 7:2-3 Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýewr. 13:4 Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz, her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de, Öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir. 1 Sel. 4:3-5 Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. 1 Kor. 6:18 ON IKINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ GORKULARY Telewizor boýunça täzeliklere sereden ýa-da gažet okan her kişi hem dünýäde gorky üçin sebäpleriň köpdügini bilýändir. Hatda ynanýan we ruhda ýetişen adamlar hem wagtal-wagtal gorka düşýändirler. Aýratyn hem bu soragda aýallar gaty ejizdirler. Olaryň özleriniň we maşgalalarynyň howpsuzlygyna degişli bolan hususy «birdenleri» bardyr: «Birden kimdir biri biziň gapymyzdan kürsäp girse?», «Birden karzlarymy üzer ýaly biziň pulumyz bolmasa?», «Birden meniň ärim aradan çyksa ýa-da maýyp bolsa?», «Birden çagalarymyz bilen bir bela bolsa?», «Birden men keselläp, maşgalam hakynda alada edip bilmesem?» Bu tolgunmalaryň bary hem esaslandyrylandyr, emma olar aýalyň ýüregini eýeläp, onuň durmuşyna ýolbaşçylyk edip başlasalar, onda gorky aýaly doň edýändir. Durmuşymyzda betbagtçylyk bolanynda ýa-da elhenç wakalar bolup geçeninde, ýa-da biz şuňa meňzeş wakalaryň şaýatlary bolanymyzda, gorka öz gapylarymyzy açýandyrys. Munuň şeýledigini boyun alyp, almaýandygymyza seretmezden, şübhe biziň ýüregimize aralaşýandyr we mundan beýläk Hudaýyň bizi gorap, Onuň mydama hem ýanymyzdadygyna ynamlylygymyzy ýitirýändiris. Gorkynyň güýji biziň Hudaýyň güýjüne bolan ynamymyzdan agyr bolanynda, gorkynyň ruhy bizi gul edip bilýändir. Gorkynyň garşydaşy — ynamdyr. Hut şu ynam hem bize gaty ýetmezçilik edýändir. Emma eger gorky durmuşyň esasy ornuny eýelän bolsa, onda ondan azat bolup, Hudaýa dolanmaklyk gaty kyn bolýandyr. Şonuň üçin hem gorky bilen ýolbaşçylyk edilýän adam dilege mätäçdir. Aýalynyň gorkulardan azat bolmaklygy hakyndaky äriň dilegi uly güýje eýedir, çünki onuň dilegi aýalyny Hudaýyň hemişe söýýändiginde, öz durmuşyna Onuň mydama ýolbaşçylyk edýändiginde we hiç haçan taşlamaýandygynda ynamyny berk edýändir. Fiziki howp bilen garyplygyň öňündäki gorkudan başga-da, aýal adamlaryň öňündäki gorkudan hem ejir çekip bilýändir. Özleri hakynda, çagalary, işi, daş-keşbi, äri we özüniň bajarjaňlyklary hakynda töwerekdäkileriň pikirleriniň özlerini tolgundyrmaýan aýal gaty seýrek duş gelýändir. Jemgyýetiň pikiri hakynda pikir etmeklik tebigydyr, emma ol hakda çendenaşa aladalanmaklyk aýala erbet täsir etmäge başlanynda, ol aýalda adamlaryň öňünde gorky peýda bolýandyr. Kesgitli talaplara laýyk gelmeklik üçin gorky aýalyň elinden gelenini etmekligine mejbur etdirýändir ýa-da aýaly ýalňyşlyk goýbermeklikden gaty gorkmaklygyna getirýändir. Siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň ýüreginde adamlaryň öňündäki gorkusy deregine Hudaýyň gorkusynyň bolmagyna kömek edýändir. Hatda gürrüň giňgöwrümli gorky däl-de, semremeklik, owadanlygyny ýitirmeklik, işdeşleri bilen uruşmaklyk, gaznalaryny ýitirmeklik ýaly gündelik howsalalar barada gidýän hem bolsa, olaryň sebäpleri haýsydyr bolsa bir gorkynyň görnüşinde gözlenmelidir. Mukaddes Kitap şeýle maslahat berýär: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, dileg ediň. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir» (Matta 26:41). Eger bir kynçylyk siziň aýalyňyza rahatlyk bermeýän bolsa (mysal üçin, teniň bir islegi), onda onuň synaga garşy durup, ondan azat bolup bilmekligi üçin Hudaýdan bilelikde dilemegiňiz aýalyňyz üçin zerurdyr. Siziň aýalyňyz üçin iň esasy kynçylygyň nämededigini bilýärsiňizmi? Ony yzarlaýan çuňňur gorkular hakynda siz bir zatlar bilýäňizmi? Belki-de, siz olar hakynda oýlanyp, olaryň sebäbine düşünensiňiz, emma aýalyňyzdan: «Sen nämeden gaty gorkýaň? Maňa aýdaý, çünki men seniň üçin dileg etjekdirin» diýip soraň. Siz aýalyňyzyň jogabyna haýran galmagyňyz mümkindir, çünki gorkularymyzyň köpüsini biz beýlekilerden gizleýändiris. Men birnäçe ýyl mundan ozal bu sowaly öz ärime berenimde, onuň aýdan sözlerine men haýran galdym: ol gaty erbet kaka bolmaklykdan gorkýandygyny boýun alypdy. Bu meni haýran galdyrman bilmedi, çünki onuň özüni alyp barşy mende bu hakynda hiç hili şübhe-de döretmändi. Onuň boýun almasy meni anyk kynçylyklaryň, ýagny onuň çagalar bilen gatnaşyklarynyň berkemegi hakynda dileg etmeklige ruhlandyrdy. Köplenç aýallar özleriniň ejiz eginlerinde gaty agyr ýükleri götermeli bolýandyrlar. Ýadyňyzda saklaň, aýalyň näçe güýçli görünýändigine seretmezden, ol öz tebigatyna görä gowşak bolmaklygyna galýandyr. Hatda «ol aýal daş kimin gaty» diýilýän hem aslynda onuň ýaly bolmaklyk isleýän däldir, emma käbir sebäplere görä şeýle bolmaklyga mejburdyr. Aýalyňyzyň öz egninde götermeli däl ýüküni göterip götermeýändigini Hudaýyň size açmaklygy üçin dileg ediň. Eger hawa bolsa, onda siz öz dilegleriňizde ol ýüki öz üstüňize atmalysyňyz. Duşman ýene bir niýetini amala aşyrmaklygy küýseýändir — siziň aýalyňyzda närazylygy döretmeklik. Öz kynçylyklaryňa düşünip, olaryň çözülmekligi üçin dileg edip, Hudaýyň jogabyna garaşmaklyk — bu bir ýagdaýdyr, emma öz durmuşyňy ýigrenmeklik bolsa — bu has başga ýagdaýdyr. Bu diňe agyry ýetirýändir we gaýgydan başga hiç zady hem getirýän däldir. Käwagtlar aýallaryň öz durmuşlaryndaky ýagdaýlar şeýle bolupdyr welin, indi olar hiç haçan hem düzelmez diýip gorkýarlar. Şeýle duýgular her bir aýal üçin hem agram salyjydyr, emma hut şu ýerde duşmanyň niýetlerine göz ýetirmeklik wajypdyr — duşman aýalyň ýüregine howsalanyň, umytsyzlygyň we tükenmez gorkynyň tohumyny ekmeklik maksadyny amala aşyrjakdyr. Aýal ýüregi mydama özgerşikleriň bolmaklyk küýsegi bilen öz dilegleriňiň jogabyna kesgitsiz wagt garaşmaklygyň arasynda ylgaýandyr. Aýalyňyzyň öz howsalalyklarydyr gorkularynda hem Hudaýa bil baglap bilmekligiň mümkindigini görüp bilmekligi we özüniň Hudaýa doly garaşlydygyny boýun alyp bilmekligi üçin dileg ediň. Öz durmuşyndan razy bolup bilmekligi we her bir ýagdaýlarda özüniň tötänlikde däl-de, kesgitli bir maksat bilen bolýandygyna öwrenip bilmekligini Hudaýdan diläň. Bizi dileg etmäge eltýän gorky ýagşylykdyr; bizi doň edýän gorky bolsa dargadyjydyr. Gorkynyň aýalyňyzyň Hudaý bilen gatnaşyklaryna we Hudaý tarapyndan özüniň öňünde goýlan maksadyna ýakynlaşmagyna päsgel bermegine ýol bermäň. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Gorkmaklyk ruhuna gul bolmazlygy; • Özüniň ähli howsalalyklary hakynda Hudaýa gürrüň bermekligi; • Adamlaryň öňündäki gorka düşmezligi; • Her bir synaglar bilen göreşip bilmekligi; • Özüni Hudaýyň goraýandygyna ynanmaklygy; • Duşmanyň hüjümlerinden gorkman, diňe Hudaýa bagly bolmaklygy; • Hudaýyň rahatlygyna eýe bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Wagyzçy, Fort-Uýertedäki «Life Outreach» Halkara guramasynyň Tehasdaky bölüminiň prezidenti we «Life Today» teleprogrammasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Jeýms Robison gürrüň berýär. Ol aýaly Betti bilen 38 ýyl nikada we olaryň üç çagalary bilen on iki agtyklary bar. Hudaý meni iň ajaýyp aýal bilen patalady. Meniň üçin şunuň ýaly kämil «ýarym bölegi» — dosty, çagalarymyň ejesini, agtyklarymyzyň mamasyny, indi bolsa «Life Today» atly teleprogrammanyň kömekçisini diňe Ol ýaradyp bilendir. Bettini ençeme ýyllap gorky ruhy yzarlady. Bu onuň özüne pes baga bermekliginde, işiniň şowly bolmazlygyndan we lapykeçlikden elhenç ýagdaýda gorkmakda, nädip bolsa-da, töwerekdäkileriň oňat pikirlerine eýe bolmaklyga synanyşyklarynda aýan bolýardy. Işini gutaryp bilmezlik ýa-da ýalňyşlyk goýbermeklik onuň ýüregine we aňyna bitertipligi aralaşdyrardy. Mekdep ekzamenleriniň öň ýanynda hem özüni güýçli umytsyzlygyň we aljyraňňylygyň eýeleýändigini ol maňa gürrüň beripdi. Ol töweregindäkilere hiç zat berip bilmerin diýip hasaplardy we şonuň üçin hem özüni maşgala bagyşlamagy, wepaly aýal we ene bolmaklygy çözüpdir. Özüniň bu maksadyny gaty oňat ýerine ýetirdi, ýöne adamlaryň öňünde açyk bolup bilmeklik oňa azar berýärdi we ol adamlardan özüni çet saklapdyr. Eger dünýä bu aýalyň içki owadanlygyny, ruhy çuňlugyny we akyldarlygyny görüp bilsedi, onda ol bu aýal arkaly täsin patalara eýe bolup biljekdigini men ýüregimiň töründe bilýärdim. Hudaýyň aýalyma rahatlyk berip, özüniň ýüreginiň baýlyklary bilen adamlar bilen paýlaşyp bilmekligi üçin, olaryň öňlerinde açylyp bilmeklik batyrgaýlygyny Hudaýdan ençeme ýyllaryň içinde diledim. Onuň üçin dileg etmeklik bilen men aýalymyň üýtgemeklik islegini duýup başladym we oňa hemişe-de goldaw bermeklik islegini Ol meniň ýüregime saldy. Suwuň ajaýyp güli suwaryşy kimin, meniň hem öwgülerim we ruhlandyryjy sözlerim aýalyma şeýle täsir etdi. Aýalymyň haýsydyr bir işe azajyk bolsa-da gatnaşmagy töwerekdäkiler üçin neneň uly patanyň bolandygyny men gördüm. Özüne Hudaý tarapyndan berlen içki owadanlyk beýlekileri ruhlandyryp, durmuşlaryndaky kynçylyklary ýeňmäge kömek edýändigini men aýalyma mydama aýdardym. Hudaý meniň dileglerime jogap berdi we biz Demirgazyk Amerikanyň we beýleki ýurtlaryň millionlarça ýaşaýjylaryna ýaşaýyş suwlarynyň ýetip, bize minnetdarlyklar we haýran galmalar görnüşinde dolanyp gelendigine şaýatlar bolduk. Ençeme adamlaryň pikirleriçe (meniň hususy pikirim boýunça hem), şu gün Betti — dünýädäki iň bir söýülýän we hormatlanýan aýallaryň biridir. Onuň durmuşy — dilegiň güýjüniň aýdyň subutnamasydyr. Betti Robisonyň durmuşynda bolup geçen özgerşik sebäpli, millionlarça adamlar ýerdäki durmuşyň dolulygyny duýdular we ol dolulyk bilen bakyýetde, biziň beýik Hudaýymyz we Atamyzyň ýanynda lezzetlenip bilerler. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: şu gün meniň aýalymyň (aýalyňyzyň ady) hiç zadyň aladasyny etmezligine kömek et (Filip. 4:6 seret). Goý, ol özüniň ähli kynçylyklary hakynda Saňa gürrüň bersin we her bir düşünjeden üstün bolan Seniň parahatlygyň elmydam onuň ýüreginde ýaşasyn. Esasan-da, men onuň… (aýalyňyzy yzarlaýan gorkynyň adyny aýdyň) azat bolmagy üçin dileg edýärin we Seniň ony şol gorkudan azat edip, hut şu günüň özünde oňa rahatlyk bermegiňi Senden haýyş edýärin. Her gezek duşmanyň öz aýalymyň keýpiköklügini ogurlajak bolanynda, şeýtanyň niýetlerini meniň aňyp bilmekligime kömek et. Men şeýtanyň öz aýalyma bolan ähli hüjümlerine garşy durup, ýanýoldaşymyň durmuşynda gorka orun berýän däldirin. Özüňiň onuň goragçysydygyňa bolan ynamyny berket. Aýalymy (aýalyňyzyň ady) adamlaryň öňünde gorky eýelemezligi üçin dileg edýärin. Aýalyma ähli gybatlardan we ýamanlamalardan üstün bolup, jemgyýetçilik pikirlerden azat bolup bilmekligine güýç ber. Goý, onuň ýeke-täk aladasy Saňa ýaranmaklyk bolsun. Men öz aýalyma şeýle diýýärin: «Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçlen» (Ef. 6:10 seret); «Dogrulykda gurlarsyň; sütemden uzak bolarsyň, çünki gorkmarsyň; howpdan uzak bolarsyň, çünki ol saňa ýakynlaşyp bilmez» (Işaýa 54:14). Goý, meniň aýalym: «Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?» diýsin (Mezmur 27:1). Eý Hudaý, Senden haýyş edýärin, oňa (aýalyňyzyň ady) ähli durmuş synaglara garşy durup bilmekligine güýç ber. Onuň Saňa bolan ynamyny hiç kimiň hem yrgyldadyp bilmezligi üçin ony golda. Özüne hüjüm edýän ýagdaýlardan üstün bolmaklygyna kömek et. Esasan-da, men… (aýalyňyz üçin iň çylşyrymly kynçylygy aýdyň) çözmekligiňi haýyş edýärin. Özüni synaga salýan ähli zatlardan daş durmaklygyna kömek et. Men oňa Mukaddes Kitabyň şu aýatlaryny ýatladýaryn: «Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Kor. 10:13); «Rebbe umyt bagla; batyr bol, Ol seniň ýüregiňi güýçlendirer; Rebbe umyt bagla» (Mezmur 27:14). Eý Hudaý, aýalymyň synaga garşy durup bilmekligine we Özüňi söýýänlere wada berýän ýaşaýyş täjiňi almaklygyna kömek et (Ýakup 1:12 seret). Dileglere Seniň jogap bermekligiňe sabyrlylyk bilen garaşyp bilmeklik ukybyny we ähli işlerinde üstünlik ber. Ýagdaýlaryň özgermeklige garaşmaklygyň deregine, goý, aýalym ähli zatda diňe Saňa bil baglasyn. Onuň ýüregine diňe bir gorkyny — Seniň öňüňdäki gorkyny sal. Öz durmuşyndan razy bolmaklygy oňa öwret. Hiç haçan hem ony hemişelik tümlükde galdyrmajakdygyňy ýadynda saklamaklygyna kömek et. Ony «gorkyny kowýan» Özüňiň «kämil söýgiň» bilen gaba we goý, onuň ýüreginde hiç haçan hem gorka ýer bolmasyn (1 Ýahýa 4:18 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir. 2 Tim. 1:7 Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir. 1 Ýahýa 4:18 Adamdan gorkmak duzak getirýändir; Rebbe bil baglaýan bolsa aman bolar. Süleýmanyň tymsallary 29:25 Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar. Ýakup 1:12 Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi. Mezmur 34:4 ON ÜÇÜNJI BAP. AÝALYŇYZYŇ MAKSARLARY Biziň her birimiziň ukyplarymyz we başarjaňlyklarymyz bardyr. Siziň aýalyňyz özüniň nähili bajarjaňlyklara eýedigini bilmelidir. Bu gaty wajypdyr, çünki ol diňe özüne Hudaýyň beren sylaglaryny Onuň şöhraty üçin ulanmaklygy öwrenende, durmuşyň dolulygyny duýup bilýändir. Özüniň başarjaňlyklaryny bilmezlik aýalyňyzyda howsalalygy döredýändir, bu bolsa (göze görünmeýän hem bolsa) hökman siziň gatnaşyklaryňyza täsir edýändir. Elbetde, äre çykan aýalyň iň esasy roly — bu äri üçin oňat aýal bolmaklykdyr. Mukaddes Kitapda: «Päk ahlakly aýal äriniň täjidir…» diýlendir (Süleýmanyň tymsallary 12:4). Biz-aýallar ärlerimiziň abraý bilen dakynmak isleýän täçleri bolmaklygy isleýändiris. Ýöne iş ýüzünde bolsa, aýalyňyzyň islegleri bilen onuň hakyky hasiýeti gabat gelýän däldir. Biz deňagramly, parahatlyk söýüji, ýuwaş, gürrüňdeşlikde ýakymly, güýçli, rehimdar, şadyýan we özüneçekiji, ýagny özümiziň hyýallarymyzdaky talaplara laýyk gelmekligi isleýändiris. Emma nikamyzyň gowşaklyk döwürlerinde biziň niýetlerimiz puja çykýandyr we özümizde şeýle alada bilen ösdürenlerimiziň bary göwnejaý bolmadyk sözler ýa-da hereketler bilen duýdansyz ýumrulyp bilinýändir. Biz özümiziň hakyky bolşumyz bilen ýüzbe-ýüz bolýandyrys we şonda gaýgy we ruhdan düşmeklik biziň durmuşymyza tümlügi aralaşdyrýandyr. Geliň, munuň şeýledigini boýun alalyň. Geliň, bizi üýtgetmäge we täzelemäge, bizi täze haşsyýet etmäge ukyply bolan ýeke Hudaýsyz hiç birimiz hem özümiziň bolmaly derejemize ýetim bilmejekdigimizi boýun alalyň. Muňa garamazdan, özümizde täsin üýtgemeleriň amala aşmaklyk mümkinçiligi nikada peýda bolýandyr, çünki biz özümiziň ýanýoldaşymyz bilen bir bütewi bolýandyrys, biziň bir-birimiz baradaky dileglerimiz bolsa täze täsin güýç bilen amala aşyrylýandyr. Täsinlikler bolup başlaýandyr. Ýöne, durmuşymyzdaky ýagdaýlar hakynda Hudaýdan kömek soramaklygyň deregine, olary özbaşdak çözmeklige synanyşýandygymyz sebäpli, bu täsinlikler hemişe amala aşýan däldirler. Başga adamy özgertmeklik biziň ygtyýarymyzda däldir. Şonuň üçin hem adamyň bada-bat özgermegini talap etmeklik manysyzdyr. Durmuşda ýanýoldaşyňa bolan şeýle hereketler adatça gatnaşyklaryň üzülmegine getirýändir. Dileg etmeklik bilen, biz adamyň ýüreginde düýpgöter özgerşikleri amala aşyrmagyny Hudaýdan dileýändiris. Öz ýanýoldaşyňyzyň doly özgermeklik kynçylygyny Hudaýyň eline tabşyrmaklyk bilen, siz Oňa bolan ynamyňyzy we Onuň saýlan wagtynyň, usullarynyň mydama kämildigine bolan ynamlylygyňyzy beýan edýänsiňiz. Şondan soň, kynçylyklaryň ýükünden azat bolup, siz arkaýynlyk bilen wakalaryň geçişine syn edip bilersiňiz. Siziň aýalyňyz Hudaýdan we sizden goldaw almaklygy isleýändir. Ol nädip siziň täjiňiz we hakyky kömekçiňiz bolmalydygyny bilmeklik isleýändir. Onuň muny başaryp bilmekligi üçin dileg ediň. Şonuň bilen birlikde, Hudaýa özüňiziň ähli gaýgylaryňyz we howsalalaryňyz hakynda gürrüň beriň. Akýürek boluň. Aýalyňyzdan nämä garaşýandygyňyzy we onda nähili özgerşikleri görmekligi isleýändigiňizi Hudaýa aýdyň. Öz pikirleriňizi Hudaýa aýdyň. Onsoň özüňiziň islegleriňiz bilen aýalyňyzyň mümkinçiliklerini laýyk geler ýagdaýa getirmegini diläň. Aýalyňyzyň neneň oňat aýal, ene we hojaýyn bolýandygyna seretmezden, onuň hökman başga-da sylaglary we başarjaňlyklary bardyr. Ol sylaglar Hudaýyň onda döreden şahsyýetiniň bir bölegini düzýändir. Ulanyp-ulanmaýandygyna seretmezden, ol sylaglar aýalyňyzda galýandyr. Hatda ýyllar boýy ol sylaglar durmuşda beýleki zatlaryň wajypdygy sebäpli törde galan hem bolsalar, şonda-da olar aýalyňyzda bar bolmaklygyna galýandyr. Size ýaranjaň bolmaklyk islegi bilen aýalyňyz özüni ret etmeli däldir. Munuň netijeleri gaty erbet bolmagy mümkindir. Aýalyňyzyň durmuşda öz ýerini tapyp bilmekligi we maksatlaryna ýetip bilmekligi üçin Hudaýdan diläň. Howsala düşmäň. Şeýle dileg siziň nikaňyza howsala salýan däldir; tersine, beýle dileg nikaňyzy berk edýändir. Öz sylaglaryny Hudaýyň şöhraty üçin ulanyp bilmekligi sebäpli aýalyňyz durmuşdan razy bolsa, onda netijede siz utýansyňyz. Hudaý aýalyňyzyň sylaglaryny şeýle ulanar welin, bu onuň hem aýal roluny, hem-de çagalaryňyzyň enesi bolmaklyk roluny ýerine ýetirmegine päsgel bermez. Hudaý mydama biziň sylaglarymyzy Öz niýeti boýunça alyp barmaly durmuşymyz bilen sazlaşyga getirýändir. Şonuň üçin hem aýalyňyzdaky Hudaýyň sylaglary hökman siziň hususy sylaglaryňyzyň goşmaçasy bolup hyzmat ederler. Özüniň başaryp bilmeýän işleri bilen meşgullanmazlygy üçin hem aýalyňyza öz ulyplary hakynda bilmeklik gaty wajypdyr. Çünki bu kynçylyk onuň üçin çuňňur lapykeçligiň çeşmesi bolup bilýändir we netijede ony bütinleý umytsyzlyga eltýändir. Siz özüňiziň söýgüli köwşüňiz bilen diwara çüý kakmarsyňyz ahyryn! Her bir guralyň öz etmeli işi bardyr. Siziň köwşüňiz ýyrtylar we ony bejermek mümkin bolmaz. Siziň aýalyňyz hem özüniň başarjaňlyklary hakynda bilmän, kellesi bilen diwary ýykmaga synanyşmagy mümkindir. Netijede bolsa ol özüni boş duýýandyr, onuň ýüreginde sessiz duşmançylykda beýan edilýän närazylyk orun tutar. Aýallarda bir aýratynlyk bardyr: olar özleriniň öýe we çagalara bagly bolmaklary bilen, özlerine Hudaýyň bellän hyzmatyny ýerine ýetirmeýärler diýip hasaplaýandyrlar. Emma bu şeýle däl. Iş ýüzünde bolsa, aýal özüniň maşgala borçlaryny ýerine ýetirmekligi bilen özüne Hudaýyň tabşyran hyzmatyny ýerine ýetirýändir we özi üçin Hudaýyň goýan maksadyna barýandyr. Hatda aýal wagt boýunça güýçli çäklenen hem bolsa, onuň öz hyzmatyny ýerine ýetirmeklik mümkinçiligi bardyr. Eger siziň aýalyňyz öýüň gündelik aladalarynda özüni ulanmaklyk mümkinçiligini görüp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň niýetini özbaşdak bilmeklige synanyşýandyr. Emma diňe Hudaý Öz niýetini oňa açyp bilýändir. Şonuň üçin hem aýalyň öz ornuny bilmekliginiň birinji ädimi — bu onuň özüniň Hudaýdan boly baglydygyny boýun almaklygydyr. Munuň şeýle bolmaklygyna bolsa siziň dilegleriňiz kömek edip biler. Aýalyňyzyň Hudaýyň ýaradan şahsyýeti bolmaklygy üçin ilki bilen oňa siziň söýgiňiz we goldawyňyz gerekdir. Aýal dünýädäki iň owadan, iň tanymal, iň görmegeý, iň üstünlikli, iň başarjaň, iň talap edilýän we iň garaşsyz bolýandygyna seretmezden, ol özüni äriniň söýýändiginiň we eý görýändiginiň subutnamasyna güýçli mätäçdir. Eger ol şu subutnamalary tapyp bilmese, onda ol solýandyr we hiç hili hoşamaý sözler hem oňa teselli berip bilýän däldir. Özüne gönükdirilen siziň dilegleriňiz we sözleriňiz aýalyňyzyň siziň üçin gymmatbagadygyna onuň gözlerini açýandyr. Diňe siziň söýgiňiziň we şahsyýetine ýokary baga bermegiňiziň subutnamasy aýalyňyzyň durmuşyny uly mana eýe edip bilýändir. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Aýalyňyzyň şu aşakdakylara eýe bolmaklygy üçin dileg ediň: • Özüne Hudaýyň haýsy maksady belländigine düşünmekligi; • Özüniň nähili sylaglara we başarjaňlyklara eýedigini bilmekligi; • Hudaýyň islegine laýyk aýal bolmaklygy; • Öwgä we hormata mynasyp aýal bolmaklygy; • Size gerek bolan aýal bolmaklygy; • Beýleki adamlara kömek etmekligi bilen öz sylaglaryny aýan edip bilmekligi; • Özi üçin Hudaýyň bellänini ýerine ýetirip bilmekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Kompozitor Maýkl Herriton gürrüň berýär. Ol aýaly Terri bilen 23 ýyl nikada we olaryň üç sany uly ýaşly çagalary bar. Ýaşaýyş berýän hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş daragtyndan dadyp görmeklik synagy neneň bizi ýygy-ýygydan yzarlaýandyr. Aýallarymyzyň ýetmezçiliklerine barmagymyz bilen dürtenimizde, biz özümiz üçin neneň akylly we bilgir bolup görünýändiris! Emma Hudaý hiç kimi hem kämil edip ýaradan däldir. Ol erkekler bilen aýallaryň arasyndaky tapawudy olaryň bir-birlerini doldurmaklary üçin ulanýandyr. Men, mysal üçin, aýalymyň çendenaşa duýgulylygynda ýamanlamagyň deregine, Hudaýyň ony «duýgur barometr» hökmünde ýaradandygyny ýatlaýaryn. Hawa, bu «duýgur barometr» meniň durmuşymda iş ýüzünde näme bolup geçýändigini anyk görkezýändir. Aýalymyň pikirine hemişe ünslüdirin diýip aýdyp bilmerin, emma wagtynda oňa gulak asyp bilmedigim üçin mydama öküýändirin. Ýaňy-ýakynda Terri özi üçin şübheli bolan bir şertleşigi maňa görkezdi. Ol meniň görmedik howpumy gördi. Men aýalymyň ýalňysýandygyna ynamlydym. Aýalymyň nädogrudygyny oňa aýan etmegini Hudaýdan diländigimi boýun almalydyryn. Emma eger men bir zada düşünmeýän ýa-da maňa akyldarlyk ýetişmeýän bolsa, onda bu şertleşigiň amala aşmazlygy üçin men aňymda dileg etdim. Iki günden soň aýalymyň dogrudygyna men düşündim. Eger men onuň duýduryşlaryna gulak asmadyk bolsam, onda netijeler gaty gaýgyly bolardy. Şeýle görnüşli ylhamlar edil aýalymyzyň ynamda ösmekligi üçin edilýän dilegiň garaşylmadyk pataly jogaby hökmünde gelýändir. Men Hudaýyň aýalyma beren ähli sylaglaryny ýanýoldaşymyň bütinleý ulanyp bilmekligi üçin dileg edýärin (şeýle-de, men özümiň erkeklere mahsus bolan ýakyndan görmeklikden azat bolmaklygym üçin hem dileg edýärin). Dileg Eý Hudaý, men Seniň Öz şöhratyň üçin ulanylmaly aýratyn sylaglaryňy aýalyma (aýalyňyzyň ady) berendigiňi bilýändirin. Eý Hudaý, ol sylaglary aýalyma görkez we olaryň aýan bolmaklary üçin men nädip oňa kömek edip biljekdigimi görkez. Diňe aýalymyň özüniň ýerine ýetirip biljek aýratyn maksatlary öňünde goýandygyňy ýanýoldaşyma aç. Seniň niýetiňe düşünip, ähli ukyplaryny Seniň şöhratyň üçin ulanyp bilmekligine aýalyma kömek et. Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: Seniň niýetleriňiň aýdyň we wagtlaýyn çäklere eýediklerini aýalyma düşündir. Seniň niýetleriňi aýalymyň jikme-jik bilmeýändigine seretmezden, ähli durmuş ýagdaýlarynda Seni gözleýşine laýyklykda Özüňiň şol niýetleriňi amala aşyrjakdygyňa ýanýoldaşyma ynamlylyk ber. Eý Hudaý, aýalymyň (aýalyňyzyň ady) Seniň islegiňe görä we meniň üçin gerek bolan aýal bolup bilmegine kömek etmegiň üçin dileg edýärin. Esasan-da, men Seniň… (sizi aladalandyrýan iň wajyp kynçylygy aýdyň) çözmekligiňi haýyş edýärin. Menden aýalymyň nämä garaşýandygyny maňa aç. Kyn pursatlarda bir-birimizi doldurmaklyga we güýjümizden artyk bolanlary bir-birimizden talap etmezlige bizi öwret. Bir-birimiz hakyndaky hyýaldaky göz öňüne getirmelerden azat bolup, ähli umytlarymyzy Saňa baglamaklyga kömek et. Sen tarapyndan berlen sylaglary bir-birimizde görüp bilmeklige we olary ösdürmeklige kömek et. Seniň maňa beren aýalym üçin minnetdarlyk bildirýärin (Süleýmanyň tymsallary 19:14 seret). Aýalymyň Sen tarapdan berlen roluny ýerine ýetirip bilmekligi üçin Özüňiň kämil niýetiňi amala aşyr. Ýanýoldaşymyň sylaglaryny we başarjaňlyklaryny beýleki adamlaryň pataly bolmaklary üçin ulan. Aýalymyň durmuşynyň doly bolmaklygy üçin, ony Özüň tarapdan goýlan ahyrky maksada görä sazlaşykda bolmagyna getir. Men aýalymy «öýüň içinde miweli üzüm agajyna» (Mezmur 128:3) deňeşdirýärin we oňa: «Başarjaňlyk bilen işleýän gyzlar köpdür, ýöne sen olaryň ählisinden ýokarysyň» diýerin (Süleýmanyň tymsallary 31:29). Şeýle-de, oňa Mukaddes Kitabyň şu sözlerini gönükdirýärin: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, Gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» (Matta 5:16). Eý Hudaý, aýalymyň ýürek arzuwlaryny hasyl et, ähli niýetlerine ýetir (Mezmur 19:5 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dileglerimde ýatlaýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip dileg edýärin. Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip dileg edýärin. Ef. 1:15-19 Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz. Riml. 11:29 Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlipdi… 2 Tim.1:9 Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip, Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk. Ef. 1:11-12 ON DÖRDÜNJI BAP. AÝALYŇYZYŇ YNAMY Aýalyňyzyň size ynanmaýandygyny haçan bolsa-da bir wagt duýduňyzmy? Belki-de, pul soragynda? Ýa-da çagalary terbiýelemekde? Ýa-da gaty wajyp bolan kararlary kabul etmeli bolanynda? Belki-de, aýalyňyzyň siziň Hudaýyň sesini eşidip bilşiňize şübhelenýändir? Ýa-da siziň bilen işleýän şol görmegeý aýal sebäpli siziň wepalylygyňyzda? Eger bu şeýle bolsa, onda aýalyňyzyň size ynanmaýandygy onuň ynanmazlygy islemeýändiginde däl-de, geçmişde onuň ynamyny kimdir biriniň ýamanlyk üçin ulananyndadyr. Günäkäriň bolsa hökman siz bolmagyňyz wajyp hem däldir, ol onuň kakasy, ýa-da birinji äri, ýa-da dosty bolup bilýändir. Belki-de, bir ýagdaýda siziň eden hereketiňiz ýa-da aladalanmadygyňyz (belki-de siz ol ýagdaý hakynda bilýän hem dälsiňiz) onuň size ynanmazlygynyň sebäbi bolýandyr. Belki-de, ol geçmişde bir adama ynananynda, durmuşynda bir elhenç ýagdaý bolandyr. Ýa-da aýalyňyzyň Hudaý bilen gatnaşygy kän berk däldir, ýa-da ol Hudaýyň ynamdardygyna göz ýetiren däldir. Nähili bolýandygyna seretmezden, hakykaty ikiňize-de açmaklygyny Hudaýdan diläň. Siz özüňiň hakynda diňe dileg arkaly düzedilip bilinjek ençeme täze we garaşylmadyk zatlary bilersiňiz. Nikanyň esasy üç çäginde erkegiň ynama mynasyp bolmaklygyny bilmeklik wajypdyr. Şu talaplaryň birine äriniň laýyk gelmezligi, aýalynyň beýleki soraglarda-da oňa bolan ynamyny ýitirmeklige getirýändir. Ine, bu talaplar: 1. Öz aýalyna we nikasyna bolan doly wepalylyk Ýanýoldaşyň ikilik etmeginden başga hiç bir zat hem ynamy şeýle ýitirýän däldir. Eger aýal bir gezek aldanan bolsa, onda bu onuň bütin ömrüne täsirini ýetirýändir. Ol bagyşlap bilýändir, emma ýadyndan çykarmaklyk — onuň güýjünden artykdyr. Gatnaşyklaryň dikelmegi kän wagt talap edýändir we Hudaýyň adaty bolmadyk täsirine mätäçdir. Hatda eger äri hiç bir mynasyp bolmadyk hereket etmedik hem bolsa, onuň beýleki aýallara bolan ünsi aýalynda howsalalyk we äriniň geljekdäki wepalyly hakynda şübhe döredýändir. Şeýdip, aýal öz ärine bolan ynamyny ýitirýändir. 2. Maşgalany maddy taýdan üpjün etmeklige jogapkärçilik we pullary akyldarlyk bilen ulanmaklyk Är aýalyny nähili söýýändigine we aýaly bilen nähili oňat gatnaşyk edýändigine seretmezden, eger ol maşgalasynyň maddy taýdan üpjünçiligine jogapkär bolmasa, onda aýalynyň ärine ynamy bolmaz. Eger äri hemişelik işde işlemeýän bolsa, maşgalasyny eklemän, ýygy-ýygydan işe çykmaýan bolsa, eger onuň aýaly maşgalany ekleýän bolsa (nikadan öň bu barada gepleşmediklerine seretmezden) ýa-da äri humarly oýunlara gyzygyp, köp pul utdurýan bolsa, onda şeýle ýagdaýlaryň ählisi aýalynyň ärine bolan ynamyny ýitirmegine getirýändir. 3. Öz aýalyna we çagalaryna söýgi we hormat bilen gatnaşyk etmeklik Özlerine we çagalaryna ärleriniň dogry gatnaşyk edip bilmeýändikleri üçin ärlerine ynanmaýan aýallaryň ençemesi bilen men tanyşdyryn. Hatda eger äri wepaly bolup, maşgalasyny-da ekleýän hem bolsa, onuň aýaly haçan äriniň gaharynyň möwç urup, biderek zatlaryň üstünde hem masgaralaýjy sözler bilen daşa çykjakdygyny bilýän däldir. Aýaly ýöne oňa ynanýan däldir. Eger är ýokarda agzalan ähli üç çäklerde ynama mynasyp bolýan bolsa, onda oňa aýalynyň beýleki ýagdaýlarda-da ynamly bolmaklygy has-da ýeňil bolar. Ýöne nikada ynam iki taraplaýyn bolmalydyr. Eger ýanýoldaşlaryň biri beýlekisine ynamly bolmaklygy islemeýän ýa-da başarmaýan bolsa, onda Hudaýyň özleri üçin taýýarlan ýagşylyklary üçin ikileri hem mynasyp bolup bilmezler. Şonuň üçin hem siz özüňiziň aýalyňyza ynamly bolup bilmekligiňiz üçin dileg etmelisiňiz. «Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, onuň gazanjy kemlik edýän däldir» (Süleýmanyň tymsallary 31:11). Adatça är-aýallaryň arasyndaky duşmançylygyň köki olaryň biriniň beýlekisine bolan ynamsyzlygynda gizlenendir. Olar diňe Hudaýa bolan ynamlarynda özlerini birleşdirýän umumylygy tapyp, şu ýagdaýdan çykalga tapyp bilerler. Hudaýyň her biriniň durmuşlarynda edýän hereketlerine seredip, olar Oňa doly ynanyp bilerler. Maşgalaňyzyň başy bolup, dogry kararlar kabul edip bilmekligiňiz üçin özüňize Hudaýyň akyldarlyk bermekligi hakynda dileg ediň. Düzgüne görä, size ynanmaýandygy üçin däl-de, Hudaýa kän ynanýandygy üçin aýalyňyz siziň kabul eden çözgütleriňiziň dogrulygyna şübhelenýändir. Aýalyňyz öz durmuşyňyzyň kesgitli ýagdaýlarynda diňe Hudaýyň dogry çykalga berip biljekdigini we Onuň erkine laýyklykda karar kabul edip bilmekligiňiz üçin siziň Ondan akyldarlyk soramagyňyzy isleýändir. Karar kabul etmeklik bilen siziň öz maşgalaňyzyň geljegini anyk göz öňüne getirip bilýändigiňize ynamly bolmak aýalyňyz üçin gaty wajypdyr. Özüňiziň Hudaýa bolan ynamyňyz hakynda aýalyňyzyň bilmekligi üçin dileg ediň. Bu aýalyňyzyň Hudaýyň siz arkaly hereket etmekligi bilen, özüniň hem gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, özi hakynda alada edýändigine bolan ynamyny berkidýändir. Bu kynçylyklaryň çözgüdi hakynda dileg etmeklik bilen sabyrly boluň. Ynamy ýitirmek aňsat, emma dikeltmek gaty kyndyr. «Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys» (Gal. 6:9). Hudaý hökman size jogap berer. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyzyň Hudaýa bütin ýüregi bilen ynanyp bilmekligi; • Onuň size doly ynanyp bilmekligi; • Ynamyndan gaçan adamlaryň ählisini bagyşlap bilmekligi; • Siz aýalyňyzyň ynamyna mynasyp är bolup bilmekligiňiz; • Siziň durmuşyňyzda hereket edýän Hudaýa ynanyp bilmekligi; • Aýalyňyzyň siziň ynamyňyza mynasyp aýal bolmaklygy; • Aýalyňyzyň ynamynyň sönmezligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Gozgalmaýan mülk boýunça agent bolup işleýän Rondi Jonson gürrüň berýär. Ol aýaly Waleri bilen 18 ýyl nikada we olaryň üç çagalary bar. Ynam… Biz ony gazanmaklygy gaty küýseýändiris we ýeňillik bilen ýitirýändiris. Los-Anželesde rieltor bolup işlemeklik bilen men biznäçe gezek has garaşylmadyk ýagdaýlara duçar boldum. Biz gezek bir är-aýal maşgala maňa şeýle bir ynandy welin, hatda 30 000 dollar puly meniň adyma geçirip, 1 000 000 dollarly jaýlaryny satmaklygym üçin meniň adyma ynanç hat ýazdylar, özleri bolsa üç hepdelik dynç almaga gitdiler. Başga gezek bary tersine boldy. Meniň ABŞ-dan bolmadyk bir müşderim peýda boldy. Ol şeýle bir ynanmazak adamdy welin, hatda özüniň iki jaýynyň biriniň satylmagyny-da elinden sypdyrdy. Erkekler, siz öz aýalyňyzyň ýaňky meniň gürrüň beren är-aýallar kimin özüni alyp barmaklygyny, ýagny hiç bir alada etmän, pullary ýöretmekligi we öý-hojalygyny size ynanyp, özüniň bolsa ýürek arzuwynyň gözlegindäki syýahata gitmekligini isleýärsiňizmi? Biz bolsa özümizi ýaňky gürrüň beren ynamsyz müşderi kimin alyp barýandyrys ahyryn! Eger aýal erkegi şübhe astyna salýan bolsa, diýmek, özüniň birkemsiz ynanýan erkegi ol aýala ikilik eden bolmagy ahmaldyr. Öz aýalym hakynda dileg edip başlanymdan bäri biz bir-birimize kän ynamly bolup başladyk. Erkekler, aýallar size ynanyp boljakdygyny bilmeklik isleýändirler. Aýallaryň baştutanlyk etmeklik hereketlerine seretmezden, olar öz ýanlarynda ynanyp bolar ýaly erkek-baştutany görmeklik isleýändirler. Şonuň üçin hem aýalyňyzyň özüňize doly ynanyp bilmekligi üçin dileg etmeklik bilen, özüňiziň onuň ynamyna mynasyp bolmaklygyňyz hakynda dileg etmekligi ýadyňyzdan çykarmaň. Eger, mysal üçin, aýalyňyz bilen maslahatlaşman maşgala gaznasyndan pul harçlan bolsaňyz, onda durmuşyňyzyň şu tarapynda siz aýalyňyzyň ynamyndan gaçansyňyz. Ol ynamy gaýtarmaklyk üçin siz ýalňyşlaryna düşünendigine ökünýän ýürek we mynasyp bolmadyk hereketler etmeklikden doly ýüz öwürmeklik çözgüdi bilen aýalyňyzyň ýanyna barmalysyňyz. Ahyrynda, şuny ýadyňyzda saklaň: sizde aýalyňyz we çagalaryňyz Gökdäki Atanyň keşbini görýändirler. Eger maşgalaňyzyň agzalary size ynanyp bilseler, onda olar ýeňillik bilen Hudaýa-da ynanyp bilýändirler. Dileg Eý Hudaý, men aýalymyň (aýalyňyzyň ady) özüme bar zatda ynanyp bilmekligi hakynda Senden dileýän. Mende we meniň durmuşymda hereket edýän Mukaddes Ruha ynanmaklygyny has-da isleýärin. Onuň ynamyny nirede aklamandygymy maňa görkez we men ony Seniň öňüňde özümiň günäm kimin boýun alaryn. Mundan beýläk hiç haçan hem ony gaýtalamazlyga maňa kömek et. Meni aýalymyň ynamyna mynasyp et. Seniň bilen birlikdedigime we onuň ynamyna mynasyp bolmaklygym üçin elimden gelenini etmeklige taýyndygyma aýalymy ynandyryp bilmekligime kömek et. Eger aýalym bir wagt adalatsyzlyk bilen meni ynamyndan gaçyran bolsa, oňa hakykaty aç. Eger onuň ynanmazlygynyň sebäbi özüne başga biriniň ýetiren agyrysy bolýan bolsa, onda ol adamy bagyşlap, aýalymyň azat bolmaklygyna kömek et. Aýalymyň geçmişdäli ähli betbagtçylyklaryny meniň bilen bagly etmezligi we olara menden garaşmazlygy üçin dileg edýärin. Aýratyn hem men… (gatnaşyklaryňyzdaky ynanmaklygyň ýetmezçiliginiň ýiti duýulýan taraplaryny aýdyň) hakda dileg edýän. Bir-birimize bolan dargan ynamy dilelt. Eý Hudaý, ikimiziň hem Saňa ynanmaklygymyza kömek et. Geçmişimdäki ähli günäli gatnaşyklarymy we beýleki aýallara bolan höweslerimi durmuşymdan aýyr. Şeýle-de, aýalymyň hem geçmişindäki ähli günäli gatnaşyklaryny we beýleki erkeklere bolan höweslerini onuň durmuşyndan aýyr. Durmuşymyzda seni şöhratlandyrmadyk ähli gatnaşyklarymyzy boýun alyp, olary gaýtalamazlygymyza kömek et. Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: aýalymyň maňa bolan ynamy çäksiz bolsun. Meniň aýalymyň pikirlerine, ukyplaryna, wepalylygyna, çözgütlerine ynanmadyk ýagdaýlarymy görkez. Aýalymyň ynama mynasyp bolan haşsyýet bolmaklygyna, meniň bolsa hemişe-de oňa ynanyp bilmekligime kömek etmegiňi soraýan. Seniň menden razy bolmaklygyň üçin, meniň öz maşgalamyň ruhy baştutany bolmaklygyma kömek et. Özüňe ynanýanlar üçin Seniň galkandygyňy bilýändigim üçin, biziň ynamymyzy berket (Süleýmanyň tymsallary 30:5 seret). Sen meniň penam we galamsyň; meniň Hudaýymsyň; men Saňa bil baglaryn diýip, men şu gün ikimiziň adymyzdan hem aýdýaryn (Mezmur 91:2 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Hudaýyň ýoly kämildir. Reb wadasynyň hakykatdygyny subut edýär. Özüne daýanýan hemmeler üçin Ol galkandyr. 1 Şamuwel 22:31 Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Süleýmanyň tymsallary 3:5 Saňa sygynýanlaryň ählisi şatlansyn, mydama şatlyk bilen gygyryşsyn, çünki olary Sen goraýarsyň; Seniň adyňy söýýänler Sende şat bolsun. Çünki Sen, ýa Reb, dogry adama ak pata berersiň; onuň daşyny galkan kimin mähir bilen gurşarsyň. Mezmur 5:11-12 Rebbe sygynmak hökümdarlara bil baglamakdan gowudyr. Mezmur 118:9 …Rebden gorkup, Onuň …adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn. Işaýa 50:10 ON BÄŞINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ HOWPSUZLYGY Amerikan futbolynyň düzgünleri boýunça, oýunçynyň öz öňünde goýlan ýumşuny ýerine ýetirip bilmekligi üçin ony garşydaşlaryň hüjümlerinde goramaklyk mümkinçiligi berilýändir. Oýunçynyň tarapdarlary onuň pökgini ýa öňe geçirmegine, ýa-da yza bermekligene, ýa-da özbaşdak gidip, pökgini derwezäniň çyzygyna eltenine çenli ony goraýandyrlar. Aýalyňyzyň howpsuzlygy hakyndaky siziň dilegleriňiz onuň durmuşynda hut şeýle hereket edýändir. Siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň daşynda berk diwary dikeldýändir. Ol diwary duşmanyň hiç bir hüjümleri-de ýykyp bilýän däldir. Netijede bolsa, siziň aýalyňyz öz borçlaryny arkaýynlyk we ynamlylyk bilen ýerine ýetirip bilmeklik mümkinçiligine eýe bolýandyr. Duşmanyň aýalyňyzyň garşysyna nähili ýamanlyk gurýandygyna seretmezden, onuň ähli synanyşyklary şowsuz bolar. Şonuň üçin hem siziň aýalyňyz erbet jyn-arwahlardan düzülen hüjümiň garşysynda duranynda, siz, komandaňyzyň ýolbaşçysy hökmünde, dileg etmeklik bilen perişdelerden düzülen komandaňyzy berk jemläp, aýalyňyzyň garşydaşyň derwezesine çenli ýekeje-de şikessiz barýandygyna syn edip bilersiňiz. Indi meniň çagalarym uly bolanlarynda, men öz kitaplarymy okyjylara teklip etmeklik niýetim bilen ýurduň içinde kän syýahat edýärin we adamlar bilen kän gürrüňdeş bolýaryn. Emma eger ärim meniň howpsuzlygym barada dileg etmese, onda men hiç ýere gitmäge-de razylaşmazdym. Onuň razyçylygy we goldamaklygy bolmasa, men ýola düşmeklige hiç-de gaýrat etmezdim. Ärimiň özi şäherden gitmeli bolanynda bolsa, ol meniň bilen öýde hiç zat bolmazlygy hakynda dileg edýär (men hut şeýle edýärin, emma bu barada başga kitabymda gürrüň edilýändir). Şu gün howply däl diýip aýdyp boljak ençeme ýerleriň atlaryny aýdyp bolýan däldir. Hatda öz öýümizde-de durmuşymyza ýamanlygyň kürsäp girmekliginden biz goragly däldiris. Men bir adamy tanaýardym, ol gündiziň güni bankdan dolanyp gelýärkä, meniň köçämde ýol heläkçiligi netijesinde wepat boldy. Meniň ýene-de bir aýal tanşym bardy, ol gyzyny mekdepden almak üçin gelip, maşyny goýan dessine, ony şol ýerde ogurlap, öldürip gidipdirler. Ýene bir tanyş aýalym bardy, ol maşgalasy üçin haryt aljak bolup uly dükana geleninde, ony öldürip, maşynyny-da ogurlandyrlar. Biz özümiz üçin gadyrdan bolan adamlarymyzyň howpsuzlyklaryna ynamly bolup bilmeýändiris. Betbagtçylyk elmydam hem duýdansyz gelýändir. Aýalyňyzyň howpsuzlygy üçin dileg edýändigiňiz baradaky pikir onuň üçin neneň uly teselli bolardy! Şeýle-de, aýalyňyzyň saglygy üçin hem siziň dilegleriňiz gaty wajypdyr. Öz tenleri hakynda alada etmeklik aýallar üçin aňsat däldir. Bu işiň özi üçin ýeňil bolan aýaly men tanamaýaryn. Olaryň aglabasy durmuşlarynyň şu tarapyna gaty biperwaý seredýändirler. Eger size arzuw edip gelen maşynyňyzy sowgat beren bolsalar, ol hakda alada ederdiňizmi? Onuň hemişe oňat we düzüw bolmaklygy üçin alada etmezmidiňiz? Her gezek ony göreniňizde: «Bu maşyna seretmeklik üçin men öz wagtymy ýitirermikäm?» diýip aýdardyňyzmy? Beýle diýýän bolmasaňyz gerek. Ýöne özüniň saglygy baradaky alada biperwaý seredeninde, siziň aýalyňyz hut şeýle hereket edýändir. Ol müňlerçe aklama tapyp bilýändir, mysal üçin: wagtyň ýetmezligi, höweslenmäniň ýoklugy, belki-de, ol muny dogry etmekligi başarýan däldir, emma siziň dilegleriňiz munuň üçin zerur bolan hem wagt, hem-de höweslenme tapmaklygyna kömek edýändir. Saglygy hakynda alada etmeklik we tenine seretmeklik — bu ýönekeý işler däldir. Töwerekde şeýle kän gapma-garşylykly habarlar bardyr welin, hatda käwagt aýal bar zady taşlap, aşhana baryp, ähli aladalaryny ýadyndan çykarmaklygy isleýändir. Ýöne siziň dilegleriňiz aýalyňyza Hudaýyň sesini eşitmäge kömek edip, bu aladalaryny ýeňilleşdirýändir. Ýene bir gezek aýalyňyz bilen maşynyň arasynda meňzetme getirmäge maňa rugsat beriň (bu meňzetmäni ulanmaklygymyň sebäbi, meniň maşyn bilen baglanyşykly sözleri ulananymda, ärim maňa gowy düşünýändir). Siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň «işleýän bölegine» dogry baha berip bilmekligine we ony wagtly-wagtynda barlap durmaklygyna kömek edýändir. Şeýle-de, siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň wagtly-wagtynda ýörite maşynlary hyzmat edýän merkezlere baryp, bütinleý gözden geçiriş işlerini geçmeklige kömek edýändir. Aýalyňyzyň kellesine: «Men köne tigirdirin. Düzedilmegim üçin kän puluň harç edilmegine men mynasyp däldirin» ýaly pikirleriň gelmezligi üçin siz dileg etmelisiňiz. Aýalyňyz siziň kömegiňize gaty mätäçdir. Emma adaty gürrüňler bu ýerde kömek edýän däldir. Maşynyňyzy düzetmekligiň deregine, oňa gygyrmaklygyňyzyň näme peýdasy bolar? Aýalyňyz bilen hem hut şeýledir. Eger aýalyňyz özüne seretmeýän bolsa, onda muny islemeýändigi üçin edýän däldir. Ol nädip özüne dogry seretmelidigini bilmeýändir ýa-da özünde şeýle talabyň bardygyny bilýän däldir, ýa-da özüne pes baha berýändir, ýa-da bu iş üçin onuň wagty ýokdur, ýa-da özüni mydama oňat görnüşde saklamaklyk — bu gaty agyr iş hasaplaýandyr. Hudaýyň oňa kömek etmekligi hakynda dilemegiňiz aýalyňyz üçin wajypdyr. Özi hakynda alada edip bileri ýaly güýjüň we isleginiň bolmaklygy, şeýle-de, gerekli bolan bilime we akyldarlyga eýe bolup bilmekligi üçin, ol hakda dileg edýändigiňizi aýalyňyza aýdyň. Aýalyňyzda Hudaýdan gelen iň gymmatbaha sowgady görýändigiňiz we bu sowgadyň üsnsüz galmazlygyny islemeýändigiňiz üçin siz ýanýoldaşyňyz üçin dileg edýänsiňiz. Eger size maşynyň köne görnüşi düşen bolsa, onda onuň doly täzeden dikeldilmegi üçin ondan hem güýçli dileg ediň. Eger aýalyňyzyň saglygy bilen baglanyşykly kynçylyklar bar bolsa, onda olary Hudaýyň sagaltmagy üçin dileg ediň. Meniň ençeme kesellerimden sagalmagym üçin ärim soňky 30 ýylyň içinde dileg etdi. Emma bir gezek meniň ärimiň durmuşynyň dileg wagtynyň iň gyzgyn sagady gelip ýetdi. Bu birnäçe ýyl mundan ozal bolup geçdi. Birden men öz içimde bir zadyň ýarylandygyny duýan ýaly boldum. Meni şeýle bir agyry eýeledi welin, dessine gerekli bolan çäreler görülmese, onda özümiň öljekdigime düşündim. Gije sagat üçdi we men «Isa, maňa kömek et» diýip iňňildeýärkäm, Maýklyň ýeke özi meniň üçin dileg etdi. Durmuşym ärimiň meniň sagalmagym üçin edýän dileglerini Hudaýyň eşitmekligine bütinleý baglydy (bu barada Maýkl şu bapyň ahyrynda gürrüň berer). Biziň hiç bir aladalarymyz, hatda iň uly aladalarymyz hem ömrümiziň ahyryna çenli bizi berk jan-saglyk bilen üpjün edip bilýän däldir. Hatda iň oňat futbol komandasynyň iň oňat oýunçysy hem saglygy zerarly oýna gatnaşman bilýändir. Hudaý bu barada bildi we bize Şypa berijini — Isany iberdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň öz aýalyňyza şypa bermekligi hakynda dileg ediň we tä jogap alanyňyza çenli dileg etmekligiňizi bes etdirmäň. Gürrüňiň biziň saglygymyz hakynda gideninde, biz ruhdan düşmeli däldiris. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Hudaýyň aýalyňyzyň tenini goramaklygy; • Onuň aklyny we ten saglygyny Hudaýyň goramaklygy; • Aýalyňyzyň güýçli we hereketjeň bolmaklygy; • Zäherlenmezlik ukybynyň berk bolmaklygy; • Özi hakynda alada etmeklige isleginiň bolmaklygy; • Öz teni hakynda nähili alada etmelidigini bilmekligi; • Mydama oňat görnüşde bolmaklygy; • Hemişe we hemme ýerde Hudaýyň goragy astynda bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Meniň aýalymyň täsin mümkinçiligi bar — syýahat etmeklik. Ýöne onuň uçmalarynda, bir ýerden başga ýere göçmelerinde duçar bolup biljek howplar hakynda pikir edip, men gaty gorka düşýändirin; onuň oňat bolmadyk myhmanhanalarda saklanmaly bolýandygy, oňat bolmadyk naharlardan iýmeli bolýandygy, uzak wagtlap aýak üstünde durmaly bolýandygy, özüniň oňat etjek işi üçin tolgunmaly bolýandygy meni kän aladalandyrýandyr. Emma aýalym üçin dileg etmeklikden başga mende hiç hili çykalgam ýokdur: ýola düşmezinden öň we syýahatda bolan döwründe men mydama onuň üçin dileg edýändirin. Hatda aýalymyň öýde bolanynda-da, onuň howpsuzlygy üçin dilegiň gaty wajypdygyna men ynandym. Şol gije sagat üçde bolşy ýaly, meniň dilegim şunuň ýaly wajyp bolmandy. Şol gije Stormy iki bükülip, agyry zerarly çirkin sesine men oýanypdym. Ol özüniň içinde bir zadyň ýarylandygyny aýtdy. Men Stormynyň sähelçe zatlar üçin özümi alada goýmaýandygyny bilýärdim, şonuň üçin hem bir elhenç zadyň bolandygyna düşündim. Ýagdaý şeýle bir howpludy welin, hatda biz «tiz kömegiň» gelmeginede garaşmadyk. Stormynyň köwşüni gözläp, oňa ýyly geýimlerini geýdirenimde, men gaty sandyraýardym. Gyzym Amanda bilen agyrydan iki bükülen Stormyny maşyna mündürdik we çaltlyk bilen keselhana ugradyk. Men aýalyma hiç hili kömek edip bilmeýärdim. Şypa berilmegi üçin men kän dilegleri bilýärdim we şol pursatda lukmanlaryň çaltlyk bilen aýalymy halas etmekleri üçin gyzgyn dileg etdim. Keselhana ýeten badymyza, men kabulhana tarap okduryldym we Hudaýa şukur, şepagat uýasy öz ýerinde eken. Çaltlyk bilen Stormyny maşyndan düşürip, barlag üçin keselhana girizdik. Birnäçe barlaglardan soň aýalym hirurgiýa bölümine geçirildi. Men hiç haçan hem şol gije ýaly gyzgyn dileg etmändim. Ýaşaýyş bilen ölümiň alnynda biziň dilegimiz täze mana eýe bolýandyr. Şol gijekisi ýaly, men hiç haçan hem öz aýalymyň howpsuzlygy hakyndaky hemişelik dilegleriň güýjüni we aýdyňdygyny hiç haçan hem duýmandym. Şol gije men ençeme ýyllaryň içinde eden dileglerimiň jogaplaryny aldym. Eger Stormy şol wagt ýolda ýa-da öz okyjylary bilen duşuşykda bolan bolsa näme bolardy? Meniň öz aýalymyň howpsuzlygy hakyndaky dileglerim arkaly Hudaýyň merhemetiniň hereket etmeginde, ol hut şol gün öýde boldy. Dileg Eý Hudaý, Seniň aýalymy (aýalyňyzyň ady) her hili betbagtçylyklardan, her hili kesellerden, erbet adamlaryň täsirinden goramagyň hakynda dileg edýärin. Her bir belany ondan daş et. Eý Hudaý, Sen Öz Sözüňde: «Erbet dogry adamy aňtaýandyr, ony öldürmegiň ýoluny agtarýandyr. Emma Reb dogry adamy erbediň eline galdyrmaz…» diýipdiň (Mezmur 37:32-22). Aýalymy erbet adamlardan gora. Aýalymyň derýalardan geçeninde, suwlaryň ony gark etmezi ýaly, otdan geçeninde bolsa, otlaryň ony ýakmazlary ýaly (Işaýa 43:2 seret), onuň çuňňur akymlardan geçeninde, öz ýanynda Seniň bolmaklygyň hakynda dileg edýärin. Aýalymyň (aýalyňyzyň ady) «weýrançylyk geçýänçä onuň Seniň ganatlaryň kölegesinde pena» tapmaklygy üçin dileg edýärin (Mezmur 57:1). Eý Hudaý, aýalymyň öz tenine onda ýaşaýan Seniň Ruhuňyň ybadathanasy kimin seredip bilmekligine kömek et; dogty iýmitlenmegi bilen hem özi hakynda dogty alada edip bilmekligine öwret. Mydama fiziki maşklar bilen meşgullanmaklygyna sabyrlylyk ber. Güýjüni täzelemege kömek edýän sagdyn ukunyň wajypdygyna düşünmekligine kömek et. Özüniň aýaklaryny dogry ýola salmaklyk üçin Özüňiň hemişe onuň ýanyndadygyňa düşünmegine kömek et. Goý, aýalyma garşy ýasalan ýekeje-de ýarag peýdaly bolmasyn (Işaýa 54:17 seret). Ony mydama öz penaňda gora we hiç bir ýamanlygyň oňa ýakynlaşmazlygy üçin, aýalymy duşmanlaryndan azat et. Goý, Seniň perişdäň ony ähli ýollarynda gorasyn (Mezmur 91:11 seret). Öz aýalyma men şeýle diýýärin: «Çünki ol perleri bilen seni örter, sen Onuň ganatlarynyň aşagyna sygynarsyň; Onuň hakykaty galkan we sowutdyr. Ne gijäniň howpundan, ne gündiz uçýan okdan; Ne garaňkyda gezýän mergiden, ne-de öýlän heläk edýän gyrgyndan gorkarsyň. Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar welin, ölüm saňa ýakynlaşmaz» (Mezmur 91:4-7). Şu gün aýalymy (aýalyňyzyň ady) Öz ganatlaryň bilen örtüp, oňa rahat ukyny berýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Çünki diňe ýeke Sen oňa howpsuzlykda ýaşamaklygy berýänsiň (Mezmur 4:8 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýam, galkanym, gutulyşymyň kuwwady we belent diňimdir. Men öwgä mynasyp Rebbi çagyraryn we duşmanlarymdan gutularyn. Mezmur 18:2-3 Çünki sen: «Reb meniň penamdyr» diýdiň, hemmeden beýik Bolany özüňe mesgen edindiň. Ýamanlyk ýüzüni görmersiň we mergi seniň çadyryňa ýakynlaşmaz. Çünki bütin ýollaryňda seni saklamak barada Ol Öz perişdelerine buýruk berer. Aýagyň daşa degäýmesin diýip, olar seni ellerinde göterer. Mezmur 91:9-12 Çünki seniň saglygyňy yzyna bererin, ýaralaryňy bejererin… Ýirmeýa 30:17 …teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. 1 Kor. 6:19-20 Iman dilegi syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder… Ýakup 5:15 ON ALTYNJY BAP. AÝALYŇYZYŇ ISLEGLERI Ähli agşamlary we dynç günleri kürsüde oturyp, ýekeje-de oýny sypdyrmaýan futbol janköýerine durmuşa çykmaklygy hemme zatdan hem az isleýärdim. Şonuň üçin hem men Maýkl bilen duşuşanymda, ol özüniň sport täzeliklerine bolan hiç hili gyzyklanmasy bilen gaty ýarapdy. Toýdan birnäçe ýyl geçeninden soň, Maýklyň ýöne bir sport söýüjisi däl-de, hakyky janköýerdigini bilenimde, men aňk-taňk bolupdym. Ol «Bearz» futbol komandasynyň belgileri bolan geýimleri we «Kabz» klubunyň belgisi bolan papaklary geýerdi. Ol mawy ekranyň öňünde şeýle bir gygyrardy welin, hatda gapdalynda oturanlar gulaklaryny dykardylar. Ol meni birnäçe oýunlara eltdi, emma ullakan erkekleriň bir-birlerine topulyp, hatda tegelek hem bolmadyk pökgi üçin uruşýandyklaryna seretmeklik meniň üçin samsyklyk ýaly göründi. Hot-doglar meni ol oýundan gaty gyzyklandyrýardy. Men özümiň aldawa düşendimi duýýandygym üçin gynalýardym. Hudaýyň isleýşi ýaly öz ärim hakynda dileg etmeklige öwrenenimde (bu barada men özümiň Dileg edýän aýalyň güýji atly kitabymda jikme-jik gürrüň berýärin), Hudaý bu ýagdaýa başgaça seredip bilmekligime kömek etdi. Ýöne meniň diländigime seretmezden, Hudaý düşündirip bolmaýan sebäplere görä, ärimi onuň sport oýunlaryna bolan höwesinden azat etmedi. Munuň deregine biz Maýkl bilen şertnama baglaşdyk we oňa laýyklykda, men ärimiň gyzyklanmalaryna düşünmeklik we sabyrlylyk bilen gatnaşyk etmelidirin, ol bolsa öz gezeginde meni özüniň gyzyklanmalaryna çekmezlige borçludyr. Şertler ikimizi hem kanagatlandyrýardylar we şeýdip birnäçe wagtlap arkaýyn ýaşap bolýardy. Emma Maýkl özüne eýe bolany bilen kanagatlanmady we bu kynçylygyň çözülmegi hakynda menden gizlinlikde dileg edip başlady. Ol meniň özi bilen futbol oýunlaryna gidip, ol oýunlary söýmekligim üçin dileg edýärdi. Ol şeýle haýyş bilen Hudaýa ýüz tutmaklygyň gödekdigine düşünýärdi, emma Ol Gyzyl deňzi ikä bölüp, beýleki ençeme täsinlikleri amala aşyrdy ahyryn… Nähilidir bir täsin ýagdaý bilen meniň gözlerim açyldy we men bu oýnuň manysyna düşünip, onuň owadanlygyny görüp bildim: pökgini tejribelik bilen geçirip bilmeklik, bütin komandanyň takyk hereketi — bu gaty täsindi; goragçyny oýun meýdançasyndan kowanlarynda men gaty gaýgylanyp, garşydaşyň bolsa indi oýnuň gidişini üýtgedip bilmejekdigine düşünenimde, garaşylmadyk ýeňşiň şatlygyny men başymdan geçirdim. Şu gün men ýekeje oýny-da sypdyrmaýaryn we indi meni hot-dog hiç-de gyzyklandyrmaýar. Gyzyklanmalaryňyzyň arasynda aýalyňyzyň ony siziň bilen paýlaşyp bileri ýalysy barmy? Onuň şol gyzyklanmalaryňyza bolan islegleriniň artmagy üçin dileg ediň. Hudaý üçin başarylmadyk zadyň ýokdugy mälim. Ol hatda aýalyňyza siziň söýgüli gyzyklanmagyzyň täsin tarapyny-da açyp bilýändir. Munuň üçin uzyn dilegleri aýtmaklygyň geregi-de ýokdur. Emma biziň gyzyklanmalarymyz we olar bilen baglanyşykly bolan takyk hereketlerden başga-da, has wajyp zatlar bardyr — bu biziň arzuwlarymyz we isleglerimiz. Olar üçin hem dileg etmeklik gaty wajypdyr. Arzuwlar biziň her birimizde bardyr. Olaryň käbirleri teniň isleglerinden gelýändir, emma olaryň köpleri biziň ýüreklerimize Hudaý tarapyndan goýlandyr. Özümiziň hususy isleglerimizi Hudaýdan goýberilenler ýaly kabul edip, netijede bolsa ajy miwe datmazlygymyz üçin, olary tapawutlandyryp bilmeklik gaty wajypdyr. Arzuwymyzy amala aşyrjak bolup, biz ony köplenç özümiz üçin but edýändiris we şonda biz lapykeç bolýandyrys, ýüreklerimiz bolsa ajydan dolýandyr. Çünki biz özümize Hudaýyň beren arzuwlary durmuşa geçirmekligi isleýän däldiris. Bu diýmeklik, Hudaýa arzuw edijiler ýaraýan däldir diýmeklik däldir. Tersine. Biz arzuwsyz we geljege ymtylyşyksyz ýaşap bilmeýäris diýip Hudaý aýdýandyr. Emma öz arzuwymyzyň durmuşa geçmeklik ýagdaýyndan Özüni aýyrmaklygymyz Hudaýa ýaraýan däldir. Eger arzuw bize Hudaýdan gelmedik bolsa, onda biz mydama kanagatlanmasyzlygy duýmaklyga berlendiris, çünki bu arzuw hiç haçan hem durmuşda amala aşjak däldir. Ähli isleglerimizi we arzuwlarymyzy Özüne ynanmaklygymyzy Hudaý isleýändir. Olaryň amala aşmaklarynyň ilki mümkin däldikleri görünýän hem bolsa, Hudaý Özüniň erkine laýyk bolan arzuwlaryňyza ýaşaýyş demini üfleýändir we gerek bolmadyklaryndan bolsa sizi azat edýändir. Bir adam bilen ençeme ýyllap bir öýde ýaşamaklygymyz bilen, onuň ýüreginiň gizlin islegleri hakynda hiç zat bilmezligimiz gaty geňdir. Munuň ýeke-täk sebäbi — bu biziň ol adamyň islegleri bilen hiç-de gyzyklanmaýandygymyzdyr. Biziň isleglerimiz köplenç ýüregimiziň şeýle bir töründe gizlenendirler welin, hatda olar hakynda gürrüň bermäge ýagdaýymyz hem bolýan däldir. Belki-de, olary amala aşyrmaklyk biziň üçin şeýle bir ynanmazak ýaly görünýändir welin, hatda umyt etmekden hem elimizi üzýändiris. Men syýahat etmeklige güýçli küýsegli bolan bir aýaly tanaýandyryn. Ol bir güýçli we ygtyýarly bolan adamyň aýalydy. Şeýle-de, ol adam öz kärhanasynyň başlygydy we onuň üçin durmuşynyň manysy diňe işdi. Ol özüni bütinleý işine berýärdi, aýalynyň islegleri we pikirleri bilen bolsa hiç-de gyzyklanmaýardy. Ol ýaman adam däldi, ol aýalynyň arzuwlarynyň bolup biljekdigi hakynda ýöne oýlanmaýardy. Ol diňe özüniň islegleri hakynda bilýärdi we bu onuň üçin ýeterlikdi. Onuň aýaly ýekedi we öz dumuşyndan nägiledi. Aýaly köplenç öýünde oturyp, syýahat hakyndaky her hili kitaplary daşyna üýşürýärdi we başga durmuş hakynda arzuw edýärdi. Bir gezek bir öýlenmedik erkek bu aýalyň gözlerine seredip, onuň arzuwlaryna düşünip bildi. Ol adam bu aýalyň näme hakynda pikir edip, näme barada arzuw edýändigini sorady. Olaryň gatnaşyklary gaty çuňlaşdy we netijede tas iki nika hem bozulypdy. Bary aýan bolanyndan soň, meniň tanşymyň äri gaty haýran boldy. Bu ýagdaý oňa edil elektrik tok ýaly täsir etdi. Maşgalalaryny saklamaklyk niýetleri bilen olaryň ikileri-de maşgala we nika boýunça hünärment Hudaýa ynanýan adamyň ýanyna bardylar. Äriniň abraýy üçin aýtmalydyryn, ol öz ýalňyşlygyny boýun aldy. Ol aýalynyň isleglerine üns bermändiginr aýdyp, aýalynyň isleglerine çynlakaý gulak goýdy. Olar uzynlygy bütin durmuş bolan aýalynyň islegleri üçin täsin ýerlere syýahata gitdiler. Olaryň nikalary halas boldy, emma şypa tapyp, dikelmeklik üçin ençeme agyr ýyllar gerek boldy. Men ýene-de bir başga aýaly hem tanaýandyryn. Onuň suratçylyk boýunça täsin başarjaňlygy bar. Onuň çeken suratlary iň oňat sergilere mynasyp bolupdy. Ýöne ol aýalyň durmuşy lapykeçlik we kanagatlanmasyzlyk duýgusy bilen garaldylandy. Ol aýalyň akylly bolan äri ýanýoldaşynyň arzuwlary hakynda soranynda, ol aýal ärine doly açyldy. Şu soragda Hudaýyň erkini bilmekleri üçin olaryň ikisi bilelikde dileg etdiler we özüniň arzuwynyň amala aşmagyny Hudaýa ynandylar. Tizara äri iki çagalaryna seredýäniçe, aýalynyň çeperçilik sapaklaryny almaklygy teklip etdiler. Ol aýal surat çekmeklik üçin gerek bolan ähli zatlary özi we çagalary üçin satyn aldy. Şeýdip, olaryň üçleri hem günde surat çekdiler. Öz başarjaňlygyny açmaklyk we arzuwyny amala aşyryp bilmeklik aýaly ýumşatmaklyk bilen oňa azatlyga eýe bolmaklyk sowgadyny hem getirdi. Bu bolsa ony täze güýje dolduryp, durmuşyna täze many berdi. Käwagtlar durmuşdan nägile bolmaklyk ýaly kynçylygy çözmeklik gaty ýeňil bolýandyr: söýgüli adamyňyň isleglerine bolan çynlakaý gyzyklanma döredip, onsoň olaryň ýerine ýetmegi ýa-da durmuşdan aýrylmagy kakynda dileg etmeklik ýeterlidir. Erkekler, eger siz aýalyňyzyň durmuşdan razy we töwerekdäkiler üçin şatlygyň çeşmesi bolmaklygy isleýän bolsaňyz, onda onuň nähilidir bir gizlin isleginiň, nähilidir bir öňden bäri gelýän arzuwlarynyň bardygy bilen gyzyklanyp soraň. Onuň islegleriniň şu wagt amala aşyp bilmeýändigi hakynda hiç hili gürrüň etmän, aýalyňyza üns berip gulak asyň. Onsoň aýalyňyzy ol isleglerden azat edip bilýän ýa-da onuň ýüregine rahatlyk berip, islegleriniň Özüniň erki bilen öz wagtynda ýerine ýetirjek Hudaýa ynanmaklygy üçin dileg ediň. Eger siziň aýalyňyzyň arzuwy Hudaýdan bolsa we Ol bu arzuwyň ýerine ýetmegine mümkinçilik berýän bolsa, onda ýanýoldaşyňyzy goldaň we ony hereket etmeklige yryň. Ýöne eger aýalyňyzyň arzuwy Hudaýdan bolmasa, onda Ol siziň dilegleriňizi aýalyňyzyň gyzyklanmalaryny özi üçin has oňat ýa-da peýdaly bolan zatlara gönükdirmeklik üçin ulanar. Bagtly aýal bilen durmuşyňyzyň artyklygyna bolsa özüňiz soňrak baha berersiňiz we meni minnetdarlyk bilen ýatlarsyňyz diýip umyt edýärin. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Özüniň arzuwlarynyň Hudaýdandyklaryny aýalyňyzyň bilmekligi; • Aýalyňyzyň özüniň isleglerini size aýan edip bilmekligi; • Aýalyňyzyň arzuwlarynyň siziňkiler bilen sazlaşykda bolmaklygy; • Aýalyňyzyň siziň gyzyklanmalaryňyzy paýlaşmaklygy; • Ikiňiziň umumy gyzyklanmalaryňyzyň bolmaklygy; • Aýalyňyzyň öz isleglerini we arzuwlaryny Hudaýa ynanyp bilmekligi; • Aýalyňyzyň gizlin islegleriniň bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Ýok, diňe bu däl. Aýalym ýene-de maňa: «Bu biderek telewizoryň alnynda gömülip oturyp, öz futbolyňa seretmeklik haçan seniň ýüregiňe düşer?» diýen bakyşy bilen sereder. Elbetde, men oňa şeýle jogap berdim: «Köşeşsene, mähribanym, men gadymy adamdyryn we meniň gyzyklanmalarym gowakdan daşary çykýan däldir». Bu «wagtyňy boş ýitirmekligiň» haçan-da bolsa Stormynyň goldamagyna eýe boljakdygymyň ähtimallygynyň nola beňdigini duýup, men onuň bu bakyşyna çydamaga özümi mejbur edýärdim. Özümiň futbol bilen gyzyklanmamy aýalymyň meniň bilen paýlaşjakdygy barada men arzuw edip hem bilmändim! Şu gün bizde bary başgaçadyr. 27-ýyllap futboly halamazlygyň ruhubelentlige öwrülmegi üçin ýönekeý dileg — hawa, ýönekeý dileg ýeterli boldy. Beýle ruhubelentlilik hakynda men arzuw edip hem bilmändim we bu gün men onuň hatda biraz artykmaçlyk edýändigini hem duýýaryn! Şu gün Stormy — Tennesiden bolan «Titan» komandasynyň ölemen janköýeri. Aýalymda ähli zat bar: «Titan» komandasynyň nyşany bolan sport geýimleridir papaklary, oýnuň gyzgylaňly pursatlary bolsa ol sesiniň baryndan gygyrýar. Ol özüniň söýgüli komandasynyň oýunçylaryny goramaklyga taýyn bolup, söweşmäge-de taýyndyr. Öňler bu mende howsala dörederdi, emma şu wagt men biraz köşeşdim, çünki aýalym bilen mydama söweşmeklikden men biçäk ýadadym. Umuman aýdanymda, öz aýalyň bilen «janköýerlik etmeklik» — bu gaty täsin. Munuň şeýle bolup biljekdigi hakynda kim oýlanyp bilerdi? Men aýalymyň ýene bir arzuwynyň amala aşmaklygy üçin dileg etdim — özüniň kitaplarynyň bütin dünýä ýaýraýşyny görmekligi. Şu gün onuň kitaplary on bir dile terjime edilen. Aýalymyň özüniň boýun almagyna görä, bularyň bary özüniň ähli umytlaryndan hem üstün boldy. Diňe Hudaý şeýle edip bildi. Munda meniň hem gazanjymyň bardygyny bilýändirin, çünki men aýalym üçin dileg etdim. Dileg Eý Hudaý, şu gün men Senden haýyş edýärin: meniň aýalyma (aýalyňyzyň ady) ýakynlaş-da, onuň ähli gizlin isleglerini amala aşyr. Özüňiň islegiň boýunça onuň ýüregine salan arzuwlaryň amala aşmaklygy üçin, aýalymyň ähli arzuwlaryny diňe Saňa ynanmaklygyna kömek et. Seniň pata bermedik özüniň hususy arzuwlaryny amala aşyrmaklyk maksadynyň hiç haçan hem aýalyma azar bermezligi hakynda Senden haýyş edýärin. Seniň Özüňiň niýetleriňi aýalyma açmaklygyň üçin, onuň öz planlaryndan el üzmekligi hakynda soraýaryn. Her zadyň öz wagtynyň Seniň üçin uly rol oýnaýandygyny men bilýändirin. Goý, meniň aýalym öz arzuwlaryny Seniň billän wagtyňda amala aşyryp bilmeklige synanyşsyn. Eý Hudaý, tükenmez aladalaryň arasynda meniň aýalym özüni gyzyklandyryp, ýüregini şatlandyrýan iş üçin wagt tapyp bileri ýaly et. Özüniň ähli gyzyklanmalaryna düşünip, ikimiziň hem (ikiňizi hem gyzyklandyrýan anyk işiň ýa-da gyzyklanmanyň adyny aýdyň) paýlaşyp bilmegimize kömek et. Meni has gyzyklandyrýan zatlary aýalymyň görüp, olar bilen ylalaşyp bilmekligine kömek et. Munuň üçin meniň näme etmelidigimi görkez. Aýalymy ruhlandyryp, oňa goldaw berer ýaly sözleri maňa ber. Eger bir iş ýa-da gyzyklanma biziň üçin bolmasa, onda hut biziň üçin niýetlenenini görkezäý. Ikimize-de şatlyk getirýän umumy gyzyklanmalary ýa-da işleri bize görkez. Eý Hudaý, nikamyzy dargadyp bilýän arzuwlary Seniň bize ibermeýändigiňe men ynanýaryn. Ýüreklerimiziň islegleriniň bir umumy isleglere örülmegi hakynda men Senden haýyş edýän. Bir-birimiziň arzuwlarymyza üns bilen seretmekligi bize öwret. Özümiziň iň gizlin isleglerimizi bir-birimize aýan edip bilmekligimize kömek et. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Rebde keýplen, Ol ýüregiň arzuwlaryny saňa berer. Mezmur 37:4 Ol Özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýar, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar. Mezmur 145:19 Gökden ylham bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Süleýmanyň tymsallary 29:18 Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň. Mezmur 145:16 Şonda görgi içinde Rebbe perýat edýärler, olary muşakgatlaryndan gutarýar. Tupany imi-salalyga öwürýär, şeýlelikde, diňiz tolkunlary ýatyşýar. Şonda begenişýärler, çünki imi-salalyk bolýar; Hudaý olary islän portlaryna ýetirýär. Mezmur 107:28-30 ON ÝEDINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ IŞI Mukaddes Kitaba görä, kämil aýal — ol hökman işjeňdir. Ol dikeldýändir, ýolbaşçylyk edýändir, maşgala ojagynyň oduny saklaýandyr. Ol gozgalmaýan mülk bilen satyk-söwda edýär (rieltor?); ol üzümçilige seredýär (bagban?); ol geýim tikýär (tikinçi). Ol öz zähmetiniň miwelerini satmaklyk bilen meşgullanýandyr. Bu güýçli, hereketjeň we akylly aýaldyr; ol giç agşama çenli işleýär we özüniň adamlar üçin ýaradanlarynyň oňat hillidigini bilýändir. Özüniň ähli edýän işleri bilen äriniň pataly we abraýly bolary ýaly, ol ýöne bir işlemän, hatda maşgalasy bilen hem meşgullanýandyr, garyplara kömek edýändir (Süleýmanyň tymsallary 31 seret). Eger siziň aýalyňyz şulara ymtylýan bolsa, onda ol siziň kömegiňize mätäçdir. Onuň ähli oňat işlerini men kynçylyk bilen sanap bilýändirin. Her bir aýal zähmet çekýändir, emma onuň zähmeti dürli-dürli bahalandyrylýandyr. Aýallaryň köpüsi öz maşgalalaryna goşant goşmaklyk üçin işleýändirler. Beýlekilere bolsa işlemeklik ýaraýandygy üçin işleýändirler. Käbirleri bolsa öz işleri üçin pul tölemäge taýyn adamlaryň öňlerinde gymmatbahaly ukyplara eýedirler. Aýallaryň ençemeleri üçin öýüň aladalary we çagalary terbiýelemek iň esasy iş hasaplanylýandyr. Olar özleriniň bu borjuna gaty çynlakaý seredip, ony oňat ýerine ýetirmeklige synanyşýandyrlar. Beýlekiler üçin bolsa ýygnakdaky hyzmat ýa-da garyplara kömek etmeklige gatnaşmaklyk olaryň işi bolýandyr. Eger aýalyňyzyň hereketleriniň netijesinde onuň hususy durmuşy, onuň maşgalasynyň we töweregindäkileriň durmuşlary oňatlaşýan bolsa, onda ýanýoldaşyňyzyň işiniň nähili aýratyn bolýandygyna seretmezden, bu oňa diňe kanagatlanma duýgusyny berýändir. Işinde ähli ukyplaryny doly aýan etmeklige hökman kömek ediň. Emma bu diýmek, aýalyňyzyň üstünlige eýe bolanynda, size mätäç bolmaklygyny bes etdirýändir diýmekligi aňladýan däldir. Bary tersinedir, şeýle bolanynda ýanýoldaşyňyzyň size bolan talaplary diňe ýitileşýändir. Eger siz aýalyňyz hakynda dileg edýän bolsaňyz, onda Hudaýyň patalary onuň üstüne inen pursatlary ol hiç haçan hem gopbamsylyk edýän däldir. Ol şeýle diýmez: «Serediň, men neneň ajaýyp. Maňa är nämäme gerek? Men oňa mätäç däldirin. Men onsuz hem günümi görüp bilerin». Beýle pikirler ärleriniň özleri üçin dileg etmeýän aýallarda peýda bolýandyr. Aýalyňyz siziň kömegiňize mätäç bolmazy ýaly, ol hiç haçan hem şunuň ýaly özbaşdak we özbilimli bolup bilýän däldir. Aýalyňyzyň üstünliklere eýe bolmaklygy siziň onuň durmuşyna bolan täsiriňizi peseldýän däldir, tersine, siziň täsiriňiz güýçlener. Siziň dilegleriňiz onuň üçin şeýle bir wajypdyr welin, hatda aýalyňyz ol dileglere «küýsegli» bolup galmagy hem mümkindir. Aýalyňyz bilen ikiňiziň bir bütewidigiňizi we onuň bilen bolup geçýänleriň özüňiz bilen hem bolup geçýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Siz hiç haçan hem onuň üstünliginde özüňize bolan howpy görmeli dälsiňiz. Ärimiň saz prodýuseri bolandygy üçin, biz gaty uly üstünliklere eýe bolan aýallaryň ennçemesi bilen tanyşdyk. Bu üstünlikde Hudaýyň patalaryny görüp bilen ärler şol ýagdaýy üstünlikli başyndan geçirip bildiler, emma aýallarynyň üstünliklerini boýun almaklykdan boýun towlan ärler bolsa öz nikalaryny dargatdylar. Aýalyň özüni doly ulanyp bilmekligini çäklendirmeklik onuň durmuşyny howp astyna salýandyr we şonuň üçin hem ýanýoldaşyňyzyň başarjaňlygynyň üstünlikli aýan bolmaklygy üçin dileg edilmelidir. Özünden kanagatlanarly bolmaklyk duýgusyna aýal erkekden az mukdarda mätäç däldir. Ýöne eger özünden kanagatlanmaklyk duýgusyna eýe bolup bilmedik erkek özüni betbagt duýýan bolsa, onda aýal şeýle ýagdaýda umytsyzlyga we lapykeçlige duçar bolýandyr. Bu bolsa onuň durmuşynyň beýleki taraplaryna täsir edýändir, mysal üçin, äri bilen gatnaşyklaryna. Çagalary terbiýelemeklik we hojalygy alyp barmaklyk bilen meşgullanýan aýal hem kanagatlanma duýgusyna gaty mätäçdir. Bu duýgyny onuň ýerine ýetiren hyzmaty we ol hyzmata oňat baha berilmeklik getirýändir. Özüniň işleýän joralaryndan tapawutlylykda, aýalyňyz sizi özi üçin ruhlandyrma berip bilýän ýeke-täk adam hasaplaýandyr. Aýaly üçin äriniň dilegleri gaty wajypdyr, çünki olar onuň özüne bolan ynamlylygyny berk edýändir. Nähili iş bilen meşgullanýandygyna seretmezden, aýalyňyz siziň dilegleriňize we goldawyňyza, şeýle-de, Hudaýyň ýolbaşçylygyna we patalaryna mätäçdir. Özüne ynamly bolmaklyk bilen öňünde goýan maksatlaryna ýetmäge kömek edýän Hudaýa doly garaşly bolmaklygyň arasyndaky deňagramlylygy tapyp bilmekligi üçin ýanýoldaşyňyz hakynda dileg ediň. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyzyň öz zähmeti bilen Hudaýy şöhratlandyrmagy; • Onuň öz işini oňat etmekligi; • Edýän işi üçin adamlaryň aýalyňyzy hormatlamaklary; • Öz zähmeti üçin mynasyp sylaga eýe bolmaklygy; • Öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmekligi üçin güýjüniň ýeterli bolmaklygy; • Aýalyňyzyň zähmetine oňat baga berip bilmekligiňiz; • Aýalyňyzyň zähmeti özi üçin kanagatlanmanyň çeşmesi bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Biziň nikamyzyň başynda, heniz çagalarymyz hem kiçi ýaşda bolanlarynda, özüniň kitap ýazmaklyk isleginiň bardygyny Stormynyň maňa aýdany ýadyma düşýär. Aýalym köp aýdymlar üçin şygyrlar ýazdy we biz kän işleşerdik. Goşgy ýazmaklyk Stormynyň göwnünden turýardy, çünki bu iş kän wagt talap etmeýärdi. Kitaplarynyň üstünde işlemeklik üçin aýalym hiç haçan hem çagalara degişli bolan wagtyny gurban etmeklik bilen ylalaşmazdy. Bu maňa gaty güýçli täsir etdi we men aýalymyň çagalarymyza bolan wepalylygy üçin Hudaýyň oňa bolelin pata bermekligi üçin dileg edip başladym. 37-njy mezmurda şeýle diýilýär: «Rebde keýplen, Ol ýüregiň arzuwlaryny saňa berer» (Mezmur 37:4). Öz üstüne Hudaýyň ýüklän borçlaryny ýerine ýetirmeklik bilen meniň aýalym hemişe şatlyk we teselli tapardy. Men dileg edip, Hudaýyň oňa güýç we sabyrlylyk bermekligini haýyş etdim. Çagalar ulalyp, aýalymyň boş wagty peýda bolanynda, Hudaý onuň ýüregine kitap ýazmaklyk islegini berdi. Elbetde, ýanýoldaşym her bir kitabynyň üstünde işleýärkä, men ol hakda dileg etdim. Şu gün Stormy — ençeme meşhur kitaplaryň awtory. Hudaý aýalymyň zähmetine pata berdi, çünki ol bu ýoluň her bir başgançagynda Oňa bil baglady. Dileg Eý Hudaý, şu gün men Senden haýyş edýärin: meniň aýalymyň (aýalyňyzyň ady) zähmetini üstünlikli et. Şu wagt onuň işiniň nähilidigine seretmezden, ýanýoldaşyma güýç ber we şol işde kanagatlanma tapmagyna kömek et. Oňa beren ukyplaryň we sylaglaryň üçin men Saňa minnetdarlyk bildirýärin. Olary mundan beýläk hem ösdür, aýalyma anyk et we Öz maksatlaryňa ýetmeklik üçin ulan. Goý, meniň aýalym mydama kämilleşsin. Hiç kimiň ýapyp bilmejek gapylary oňa görkez we onuň üstünlige eýe bolmagyna kömek et. Bir-birimiz bilen bäsleşmeklikden bizi gora we bir-birimiziň üstünliklerimize şatlanmaklygy bize öwret. Bir-birimize goldaw berip, ikimiziň hem bir komandadygymyzy hiç haçan ýatdan çykarmazlygymyza öwret. Eger aýalymyň işleri Seniň erkiňe laýyk gelmeýän bolsa, onda oňa Öz niýetiňi aýan et. Hiç haçan şeýtanyň büdretmezi ýaly, ýanýoldaşymy tekepbirlikden azat et. Meniň oňa nähili edip goldaw berip biljekdigimi görkez. Eý Hudaý, Sözüňde biziň Seniň üçin hyzmat çekýändigimiz hakynda ýazylandyr we biziň alýan maddy patalarymyz hem öz ýanlary bilen gaýgyny getirýän däldir (Süleýmanyň tymsallary 10:22). Şeýle-de, «Işçi öz hakyna mynasypdyr» (1 Tim. 5:18). Biziň ikimize-de, garyndaşlarymyza-da, beýleki adamlara-da pata getirýän zähmeti üçin aýalymyň (aýalyňyzyň ady) mynasyp sylag almaklygy üçin dileg edýärin. Özüniň söýgüli işi bilen meşgullanmagyna mümkinçilik ber we eliniň edýän işlerine bolelin pata ber (Mezmur 90:17 seret). Seniň şöhratyňy köpeltjek beýik işleri amala aşyrmaklyga aýalymy ruhlandyr. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Hudaýymyz Rebbiň hoşamaýlygy üstümizde bolsun; ellerimiziň işini bize berkit; hawa, ellerimiziň işini berkit. Mezmur 90:17 Dogrynyň zähmeti ýaşaýşa ýetýändir… Süleýmanyň tymsallary 10:16 Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar. Ýeşuwa 1:8 Gowşak el bilen işleýän garyp galýandyr; işeňňiriň eli bolsa ony baý edýändir. Süleýmanyň tymsallary 10:4 Hemme zähmetde haýyr bardyr; ýöne boş gep diňe garyplyga getirýändir. Süleýmanyň tymsallary 14:23 ON SEKIZINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ GEÇMIŞIŇ ZYNJYRLARYNDAN AZAT BOLMAKLYGY Şeýle suraty göz öňüne getiriň: ajaýyp günleriň birinde siz gämide ýüzüp barýarsyňyz. Ýeňil şemal siziň saçlaryňyzy sowrup, gäminiň ýelkenlerini çişirýär. Siziň gämiňiz suwuň tekiz ýüzünde ýeňillik bilen herekete gelýär we siz deňziň dirilik berýän güýjünden dolýarsyňyz. Dünýä siziň üçin älemgoşaryň reňklerinde görünýär. Siz parahatlykda ynam bilen öz barmaly ýeriňize tarap ýüzýärsiňiz. Ýöne şeýle azat ýüzmeklik diňe siziň gämini dogry sürüp bilmekligiňizde mümkin bolýandyr. Şemalyň ýelkenleri dolduryp, gämiňiziň öňe gitmekligi üçin ýelkenler dogry ýerleşdirilen bolmalydyrlar. Eger bolmalysy ýaly ýelkenler şemal bilen doldurylýan bolmasa, onda gämini eýläk-beýläk çaýkaýandyr we siz nädogry ugra düşüp, öz maksadyňyza ýetip bilmersiňiz ýa-da ondan hem beteri, siz gämini dogry sürmekligi ýitirip, gark bolmagyňyz hem mümkin. Siziň durmuşyňyzda hem edil şuňa meňzeş ýagdaý bolup geçýändir. Eger biz Hudaý bilen nädogry gatnaşyklarda bolsak, onda özümizi kämilsizliklerimizden we durmuşyň ýakymsyz ýagdaýlaryndan geçirip, isleýän kenarymyza eltmäge ukyply bolan Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň şemalyny hiç haçan hem öz ýelkenlerimiz bilen tutup bilmeýändiris. Mydama özümiziň geçmişimiziň zynjyrlaryna dolanyp gelip, olardan azat bolup bilmeýändigimiz sebäpli, biziň syýahatymyz kän bir ýakymly bolup bilmez. Käwagt bize ugrumyzy ýitirendigimiz ýaly bolup hem görünýändir. Emma bize Mukaddes Ruh ýolbaşçylyk edýän bolsa, onda ol biziň ýoldan çykmagymyza rugsat bermez. Ol mydama bizi dogry ugra alyp barýandyr. Tä labyry galdyryp, geçmişiň duralgalaryny taşlanymyza çenli, biz maksadymyza tarap hereket edip bilýän däldiris. Haçan bolandygynyň parhy ýokdur, — goý, ol 30 ýyl mundan ozal bolan bolsun, goý, düýn, — eger biz geçmişi taşlamasak, onda ol bize rahatlyk bermez. Hudaý biziň gämimiziň ýüzmekliginiň azat bolmaklygyny isleýändir. Ol biziň köne öýkelerimizi bagyşlap, bütewi şahsyýatler bolmaklygymyzy isleýändir. Bu esasan-da nikada gaty wajypdyr, çünki onda biziň gündelik durmuşymyz aýnadakysy ýaly serpikdirilýändir. Nikada biz özümiziň keşbimizi üznüksiz görýändiris — biz neneň oňat ýa-da ýaman. Her birimiziň kalbymyzyň näçe şypa tapdygyça, şonça-da biziň nikamyz sagdyn bolýandyr. Emma özümizi öňe alyp barýan Mukaddes Ruhuň şemalyny gözlemesek, onda bir ömür hem durmuşymyzyň parahat we bagtly kenaryna ýetip bilmeýändiris. GEÇMIŞDE BAŞYMYZDAN GEÇIREN GAÝGYLAR BARADAKY ÝATLAMALARDAN AZAT BOLMAKLYK Aýalyňyzyň geçmişiniň nähili bolandygyna seretmezden, onuň tä soňuna çenli ol geçmişiň gatnaşyklaryny doly üzenine çenli, ýanýoldaşyňyz häzirki durmuşyndan razy bolup, geljekde özi üçin Hudaýyň taýýarlanyna eýe bolup bilmez. Aýalyňyzyň nähili agyrylary we öýkeleri nikaňyza getirendigine seretmezden, olar hökman siziň häzirki we geljekdäki bilelikdäki durmuşyňyza täsir eder. Belki-de, kimdir biri onuň göwnüne degendir ýa-da agyry ýetirendir, ýa-da aýalyňyzyň özi bir uly ýalňyşlyk edendir. Nähili bolsa-da, eger ýatlamalar aýalyňyza rahatlyk bermeýän bolsa ýa-da häzirkidir geçmişdäki durmuşyndan bir zatlar ony howsala salýan bolsa, diýmek, ýanýoldaşyňyza hökman azat bolmaklyk gerekdir. Munuň üçin bolsa, aýalyňyz hakynda dileg etmekligiňiz onuň üçin gaty wajypdyr. Stormy atly kibamda men özümiň geçmişdäki şatlyksyz durmuşym hakynda we Hudaýa ynananymdan soň doly şypa tapandygym hakynda gürrüň berdim. Şol kitabyň neşir edileninden soň, maňa aýallarynyň çagalyklarynda alan ruhy agyrylary bolan erkeklerden ençeme hatlar geldi. Şol ýagdaýlaryň her birinde aýallar nika guran wagtlarynda duýgulary babatda deňagramly ekenler, emma nikadan soň olar bilen düşnüksiz zatlar bolup başlapdyr. Aýallarynyň başlaryndan geçirýän gaýgylarydyr kynçylyklarynyň öňünde ärleri özlerini has ejiz duýupdyrlar. Hatda äri öz öňünde duran kynçylygyň asyl manysyna düşünäýeninde-de, aýalynyň ruhy ýagdaýyna görä dogry hereket edip bilmän, ol kynçylygy çözmäge taýyn däl eken. Ine, maňa ýüz tutan erkeklere men nähili jogap berdim: «Öz söýgüliňizi söýüp, nika gurmaklyk bilen ol hakynda alada etmeklige ant içendigiňiz üçin, indi siz aýalyňyz üçin gökler kimin howpsuz gaçybatalga döretmäge borçlusyňyz. Siziň söýgiňiz — bu Hudaýyň söýgüsiniň serpikmesidir. Siziň söýgiňiz bilen gurşalan aýalyňyz Hudaýyň merhemetiniň hereketi astynda geçmişiň elhençlerinden azat bolmaklygy üçin olar bilen ýene-de duşuşmaga özünde güýç tapar. Özüni howpsuzlykda duýup, siziň aýalyňyz özüne şypa berýän Hudaýyň öňünde öz ýüregini açmaga taýyn bolýandyr. Emma özüniň duýgularyna doly düşünmeýän hem bolsaňyz, ony mydama söýüp, goldajakdygyňyzy aýalyňyz bilmelidir. Aýalyňyz siziň dilegiňiziň güýjüne mätäçdir, çünki ol güýç duşmany ýeňmäge ukyplydyr we şypa bermeklik ýagdaýy dowam edýärkä, ol güýç aýalyňyzy duşmandan goraýandyr». BAGYŞLAMAKLYGYŇ WAJYPLYGY Eger biz bagyşlap bilmeýän bolsak, onda biziň gämimiz hiç haçan hem geçmişiň duralgasyny taşlap, Hudaýyň özümiz üçin taýýarlan geljeginiň deňzine çykyp bilmez. Iň güýçli agyryny bize adamlar ýetirýändirler. Eger aýalyňyzyň kimdir biri bilen gatnaşyklaryň gaýgyly tejribesi bar bolsa (mysal üçin, öňki dost-erkekler ýa-da öňki äri bilen), onda geçmişiň jyn-arwahlarynyň siziň şu günki bilelikdäki durmuşyňyza girmezleri ýaly, aýalyňyzyň şol gatnaşyklaryň täsirinden azat bolmaklygy üçin dileg ediň. Ol jyn-arwahlar siziň nikaňyzyň iň gyzgalaňly pursatlarynda peýda bolup bilerler we munuň näme üçin bolýandygyny özüňiz bilýänsiňiz. Siz özüňiziň aýalyňyz bilen öň bolup, onuň kalbynda agyr yz galdyran adama meňzeş däldigiňizi mydama ýanýoldaşyňyza subut etmek isleýän dälsiňiz ahyryn. Şypa berilmekligi üçin aýalyňyzyň durmuşynyň ýene bir tarapy onuň ýerdäki kakasy bilen gatnaşyklaryna bagly bolup bilýändir. Aýalyňyzyň Hudaýa we size bolan gatnaşyklary kakasynyň aýalyňyza bolan gatnaşyklarynyň serpikdirilmesi bolup bilýändir. Onuň kakasy hemişe goramaga taýyn bolan güýçli adam bolupmy? Ýa-da ol öz gyzyny taşlap gitdimi? Eger kakasy oňa ýaman gatnaşyk eden bolsa ýa-da özüne bolan ýigrenç döreden bolsa, onda aýalyňyzyň size ynanmaklygy ýeňil bolmaz. Bu diýmek, aýalyňyzyň size ynanmaklyk islemeýär diýmeklik däldir; bu diýmek — özüni gorap söýmeli bolan erkegiň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmändir diýmeklikdir. Eger siziň aýalyňyz özüniň ýerdäki kakasynyň söýgüsine şübhelenýän bolsa, onda ol Gökdäki Atanyň söýgüsine we munuň yzysüre, siziň söýgüňize hem şübhelenip bilýändir. Hut şu ýerde siziň dilegleriňiz aýratyn hem peýdaly bolup biler. Käwagtlar aýalyň durmuşynda bolup geçen wakalar oňa şeýle bir güýçli we erbet täsir edýändir welin, diňe dileg şol ýatmalardan ony azat edip bilýändir. Mysal üçin, bir gezek meniň gözümiň alnynda bir adam ýol heläkçiligine duçar bolup, gana boýalyp ýatyrdy. Men ol heläkçiligiň nädip bolandygyny görmedim, emma «tiz kömegi» çagyrmaklyk üçin ýenjilen maşynyň ýanyna bada-bat bardym. Maşynyň içinde diňe sürüji bardy we ol gaty berk gysylan eken. Meniň bolsa diňe dileg edip we «tiz kömegiň» gelmegine garaşyp, onuň jan berýändigine syn etmekden başga hiç alajym-da ýokdy. Men görenlerimden şeýle bir gorkupdym welin, hatda birnäçe gije meniň düýşüme elhenç wakalar girdi. Ärim meniň azat bolmaklygym, hut şol elhenç ýatlamalardan azat bolmaklygym üçin dileg etdi we birnäçe wagtdan soň men azat boldum. AZATLYGA EÝE BOLMAKLYK Biziň barymyz haýsydyr bolsa bir zynjyrlardan azat bolmaklyga mätäçdiris: gahardan, öýke saklamaklykdan, ajydan, depressiýadan. Depressiýa bilen göreşmäge mejbur bolan aýallaryň sanyny sanar ýaly däl. Emma Hudaý aýallaryň olar bilen göreşmekligini isleýändir, Hudaý şeýle aýallary azat görmeklik isleýändir. Eger aýalyňyz depressiýadan ejir çekýän bolsa, onda siz näçe wagt talap edilýändigine seretmezden, onuň azatlyga eýe bolanyna çenli dileg etmelisiňiz. Ençeme aýallar semizlik bilen ýowuz göreş alyp barýandyrlar. Bu gaty çynlakaý kynçylykdyr we muny çözmeklik üçin siziň aýalyňyza azatlyk gerekdir. Bu agyr söweşde ýeňiş gazanmaklyk üçin aýallar öz ärleriniň hemişelik dileglerine mätäçdirler. Aýalyňyzyň azat bolmaklygy hakynda dileg etmeklik bilen siziň ähli soraglaryň jogaplaryny bilmekligiňiz hökman däldir. Hatda aýalyňyz sizden muňa garaşýan hem däldir. Bar zada düşünmeklige siz borçly dälsiňiz. Aýalyňyzyň özi hem bar zada düşünýän däldir. Emma Hudaý bar zada düşünýändir we Onda ähli soraglara jogap bardyr, şonuň üçin hem siz Oňa ynanmalysyňyz. Özüniň nähili ýagdaýda bolýandygyna seretmezden, mydama aýalyňyzy söýüp, oňa goldaw bermäge taýyndygyňyzy bilmeklik onuň üçin ýeterlidir. Aýalyňyzyň doly azat bolmaklyga mätäçdigine we şypa tapmalydygyna düşünip, siz şeýle pikir etmekligiňiz mümkin: «Aýalymyň ähli kynçylyklaryndan meniň başym çykýan däldir; men durmuş derýasy boýunça arkaýyn ýüzmekligi isleýärin, aýalym bolsa muňa päsgel berýär». Emma hut bir-birlerini doldurýandyklary sebäpli, garşydaş taraplar bir-birlerine çekilýändirler ahyryn. Özüňize bar zatda meňzeş aýal bilen ýaşamaklygyň neneň içigysma boljakdygyny göz öňüne getirip bilýärsiňizmi? Siziň gatnaşyklaryňyzdaky we bir-biriňize bolan gyzyklanmanyň uçgunlary nireden peýda bolardy? Siz aýalyňyzyň näme diýip, näme etjekdigini öňünden bilerdiňiz, çünki onuň sözleri we hereketleri takykma-takyk siziňkileri gaýtalardy. Men bir duşuşyga gatnaşan wagtymdaky bir ýagdaýy hiç haçan hem ýadymdan çykarmaýan. Duşuşygyň guramaçylary bizi şahsyýetleriň görnüşleri boýunça toraplara böldüler. Mysal üçin, hereketjeň we mydama ünsüň merkezinde bolmaklygy isleýän, gürrüňdeşligi söýýän adamlardan bir topar (şuňa meňzeş ýene ençeme toparlar) döretdiler. Bularyň bary kemsidiji ýaly görünýärdi. «Hereketjeňler» hemişe bir-birlerini topardan gysyp çykarmaga çalyşýardylar. Arkaýyn we pikir ediji adamlardan düzülen beýleki toparyň agzalary bolsa bir-birlerine içigysmalygy getirýärdiler. Tä garyşyk topara gelenime deňeç, men zordan saklanyp durup bildim. Beýlekilere meňzeş bolmaklyk gaty içigysmadyr. Belki-de, siz özüňiziň soňky wagtlarda başyňyzdan geçiren geň galmalary arkaýyn we aladasyz durmuşa çalyşmaga şatlyk bilen taýynsyňyz. Men siziň islegiňiziň sebäplerine düşünýärin. Emma ýanýoldaşymyzyň durmuşyny çylşyrymlaşdyran kynçylyklaryň bize çakylyk atanlarynda, biz arkaýyn galyp bilýän däldiris. Goý, siziň aýalyňyz şu wagt agyr wagtlary başyndan geçirýän bolsun, goý, bu siziň üçin çydar ýaly bolmasyn, şuny bilip goýuň: Hudaýyň şypa bermekliginiň guraly bolmaklyk hormaty size goýlandyr. Aýalyňyz bilen ruhda bile ösmeklik mümkinçiligini Hudaýyň özüňize berendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildiriň. AZAT BOLMAKLYK ÝAGDAÝY Göwreli wagtymda meniň özüm üçin eden iň geň ylhamym — göwreli bolan günümden başlap, mende özümiň täsir edip bilmeýän bir ýagdaýyň bolup geçýändigi boldy. Ol ýagdaý menden büs-bütin garaşly bolman geçdi. Öz teniňe ýolbaşçylyk edip bilmezlik geň duýgyny döredýändir. Şu ýagdaýda bolup geçýänleriň köpüsi azat bolmaklyk ýagdaýyna meňzeşdir. Özüňizi azat etmekligi isleýän Hudaýa özüňizi doly tabşyrandygyňyz sebäpli, siz ol azat bolmaklyk ýagdaýyna hiç hili-de täsir edip bilýän dälsiňiz. Siziň azat bolmaklyga taýyndygyňyzy Hudaý göreninde, Ol ýüregiňizde bir tohum ekýändir. Tä sizde täze azat ýüregiň dünýä inenine çenli, ol tohum sizde ösýän güýç bolup hyzmat edýändir. Edil çaga dogurmakdaky ýagdaý ýalydyr, azatlyga eýe bolmaklyk — agyryly ýagdaýdyr. Durmuşyň geçdigiçe, siziň ýüregiňizde agyry gat-gat bolup üýşürilýändir. Hudaý bizi agyryly ýatlamalardan azat etmeklik bilen, Ol üýşürilişleriniň yzygiderliligende gatlary ýekeme-ýekeden aýyrýardyr. Şonuň üçin hem eger siziň aýalyňyza bökdemeklik başardan bolsa, onda onuň azat bolmaklyk ýagdaýy çaltlanyp bilýändir. «Burgular» gitdige saýyn çaltlanyp, her gezek agyrlaşyp başlaýandyr. Muny göreniňizde gorkmaň we ruhdan düşmän, aýalyňyzyň ýagdaýy agyrlaşdy diýip hem pikir etmäň. Tersine, siziň aýalyňyza ýeňil bolup başlaýandyr, çünki onuň ýüregi agyrynyň iň galyň gatlaryndan arassalanýandyr we Hudaý ony has ýokary derejeli azat bolmaklyga eltýändir. Düzgün bolşy ýaly, iň çuňňur gatlardan azat bolmaklyk has çylşyrymlydyr. Şeýle ýagdaýda ýöne Hudaýyň elinden berk tutuň we Ol sizi gorar. Çaganyň dogluşyndakysy ýaly, iň güýçli agyryny biz özümiziň köp garaşan geçmişiň elhenç tejribesinden azat bolmaklygyň öň ýanynda duýýandyrys. Hut beýik pata almaklygyň öň ýanynda ýagdaý çydardan beter halyna ýetýändir. Emma Hudaýyň saýlan wagty kämildir. Eger aýallar çaga dogulmaklygynyň möhletini özleri goýup bilýän bolsadylar, onda olar ony iki aýa (ertirki ýürek bulanmaklygyň ilkinji alamatlarynyň peýda bolmazyndan) ýetirýän bolsalar gerek. Emma onda çaga diri galmazdy, çünki ol wagtyndan öň dogulardy. Azat bolmaklyk ýagdaýy bilen hem edil şeýledir. Biz söýgülilerimiziň geçmişdäki ýaralarynyň bitmekleri üçin iň oňat şertleri döredip, wakalary howlukdyrmaly däldiris. Biziň durmuşymyzda möwç urýan tupanlary diňe Hudaý ýatyryp bilýändir. Diňe Hudaý biziň ýüzmekligimiziň ugruny dogurlap bilýändir. Aýalyňyzyň gämisiniň labyrlarynyň galdyrylyp, öz geçmişiniň duralgalaryny taşlamaklygy we Mukaddes Ruhuň onuň ýelkenlerini dolduryp, barmaly ýerine tarap ýuwaşlyk bilen äkitmegi hakynda dileg ediň. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyzyň azat bolmaklygy Hudaýda tapmaklygy; • Aýalyňyz bilen Hudaýyň patalarynyň arasynda hiç hili böwetleriň bolmazlygy; • Onuň hem akyl taýdan, hem-de fiziki taýdan sagdyn bolmaklygy; • Onuň özüniň geçmişindäki zynjyrlandan doly azat bolup bilmekligi; • Bagyşlamaly adamlarynyň baryny aýalyňyzyň bagyşlap bilmekligi; • Aýalyňyzy hemişe söýüp, oňa goldaw bermekligiňiz; • Onuň durmuşynyň Hudaýyň şypa beriji güýjüniň şaýatnamasy bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY «Azatlyk Mesihde» guramasynyň prezidenti, «Tümlügiň üstünden ýeňiş» we «Zynjyrlary üzüji» atly kitaplarynyň awtory bolan Nil T. Anderson gürrüň berýär. Ol aýaly Joan bilen 33 ýyl nikada we olaryň iki çagalary bilen iki agtyklary bar. 1986-njy ýylyň baharynda meniň aýalymyň gözündäki linzalaryny täzelemelidiler. Bu lukmanlar üçin keselhanada geçirilýän adaty işdi, emma Joan agyrysyzlandyrma dermanyny erbet kabul etdi. Ol güýçli nerw keseline duçar boldy we bu kesel 15 aýlap dowam eden agyr depressiýa geçdi. Men çuňňur gapma-garşy gelýän ýagdaýyň toruna düşdüm, çünki şol ýagdaýda özümiň aýalym üçin kimdigimi bilmedim: çopanmy, ruhlandyryjymy ýa-da konsultant (beýleki adamlar üçin hut şeýledim). Ýa-da ýöne men ärmikäm? Ahyrynda men şol ýagdaýda aýalym üçin diňe är bolandygyma düşündim, çünki bir zatlary üýtgetmäge ýa-da bir zatlara täsir etmeklige men güýçsüzdim. Biz şonda bar zatlarymyzdan jyda düşüpdik. Şonda men durmuşymda ilkinji gezek düşünipdim: eger Hudaý mendäkileriň bary bolýan bolsa, diýmek, Ol meniň mätäç bolanlarymyň barydyr. Meniň hyzmatym günde Joanyň ýanynda bolmaklykdan we oňa: «Bularyň bary geçer» diýmeklikden ybaratdy. Soňabaka ähli zat dileg we özümiziň Hudaýdan doly baglydygymyzy boýun almaklyk sebäpli geçdi. Özünde täze güýçleri agtarmaklygym üçin Hudaý meniň öz hususy güýçlerimi ulanmaklygyma rugsat berdi. Diňe Hudaý döwlen ýüreklere teselli berip, ýesir alnanlary azat edip bilýändir. Şol agyr synaglaryň döwründe biziň «Azatlyk Mesihde» atly guramamyz döredi, nikamyz bolsa täsin ýagdaý arkaly berkleşdi. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň aýalymy (aýalyňyzyň ady) özüni ýesirlikde saklap duran Özüňden başga ähli zatlardan azat et. Aýalymyň üstünden ygtyýarlyga eýe bolan we ony geçmişiň torlarynda saklaýan ähli ýatlamalardan azat et. Azat bolmaklyk ýolunda kine saklamaklygyň böwet bolmazlygy üçin, özüniň göwnüne degenleriň baryny aýalymyň bagyşlap bilmekligine kömek et. Meniň aýalymy (aýalyňyzyň ady) Seniň islegiňe görä aýal bolmaklygyna päsgel berýän ähli zatlardan azat et. Özüniň azat bolmaklygyna päsgel bermäge synanyşýan duşmandan ony gora. Özünden ogurlananlary ýüz esse gaýtaryp ber. Seniň ýanyňda biziň ýüreklerimiziň dikeldilýändiklerini men bilýändirin. Şypa tapyp bilmekligi üçin, meniň aýalymy mydama Seniň bilen ýaşap bilmekligine kömek et. Eý Hudaý, men şuny bilýärin, ýagny «biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir» (2 Kor. 10:3-4). Men öz aýalymyň (aýalyňyzyň ady) daşynda duşmanyň guran ähli galalaryny Isanyň ady bilen ýykýandyryn. Aýratyn hem men… (şypa tapmaklygy talap edýän anyk bir mätäçligi aýdyň) şypa tapmaklygy hakynda dileg edýärin. Aýalymy ähli kesellerinden Isanyň adynyň hatyrasyna azat et. Sen şeýle wada beripdiň: «…dogrulygy ýagtylyk kimin we gutulyşy ýanyp duran çyra kimin nur saçýança Men onuň hatyrasy üçin… dymmaryn» (Işaýa 62:1). Hut şu wadaňyň aýalymyň durmuşynda amala aşmaklygy üçin dileg edýärin. Aýalymyň ýoluny ýagtylandyr we «egri ýollary dogurla» (Işaýa 42:16 seret). Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «…akyldarlykda gezýän bolsa halas bolar» (Süleýmanyň tymsallary 28:26). Aýalyma akyldarlykda gezmekligi öwret we oňa doly azat bolmaklygy ber. Ony mydama söýüp, goldaw bermekligi maňa öwret. SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Öňki zatlary ýatlamaň, köne zatlara üns bermäň. Ine, Men bir täze zat edýärin; ol şindi ýüze çykar; siz ony bilmeýärmiziňiz? Men çölde ýol we sährada derýalar emele getirerin. Işaýa 43:18-19 Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! 2 Tim. 4:18 Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz, Ondaky hakykat boýunça Onuň ýolunda tälim alansyňyz. Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň. Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň. Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň. Ef. 4:21-24 Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr. 2 Kor. 5:17 Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn. Flp. 3:13-14 ON DOKUZYNJY BAP. AÝALYŇYZYŇ HUDAÝA GULAK ASMAKLYGY Bir gezek meniň ärim Täze Ýyl baýramçylygyna golf üçin taýaklar bilen golf oýnuny öwrenmeklik boýunça sapaklar kitabyny sowgat etdi. Men ol sapaklary öwrenip gutardym, emma ýaşyl otda zordan saýgarylýan şol kiçijik pökgini urmaklyk üçin şunuň ýaly güýç sarp etmekligiň näme üçin gerekdigine hiç-de düşünip bilmedim. Her hepdede ençeme sagatlaryny bu oýna sarp etmeklige erkekleri nämäniň mejbur etdirýändigine düşünmedim. Tä golf meýdançasyna çykanyma çenli bu şeýle bolmaklygyna galdy. Men pökgini bellenilen ýere goýdum, golf taýagyny aldym, deşige çenli bolan aralygy bahalandyrdym we kiçijik pökgä seredip, maňa öwredişleri ýaly edip, bar güýjüm bilen urdum. Meniň golf taýagym pökgä degeninde, täsin ses çykyp gitdi. Bu ses öz ajaýyplylygynda meniň şu wagta çenli eşiden seslerimiň birine-de meňzeş däldi. Men pökgini urmaklygy gaty dogry ýerine ýetiripdirin, pökgi bolsa düşmeli ýerinde anyk ýerleşdi. Şol pursatda men erkekleriň näme üçin golf meýdanynda şunuň ýaly kän wagt geçirýändiklerine düşündim — olar hut şu sesi eşitmeklik isleýärler. Olar ähli zady dogry etmekligiň nähilidigini duýmak isleýärler. Bu duýgy biziň gulak asmaklygymyzdaky döreýän duýga meňzeşdir. Haçanda Hudaýyň bize buýruşy ýaly hereket edenimizde we Onuň bizden razy bolanynda, biz ol duýgyny başymyzdan geçirýändiris. Özümiziň Hudaýyň erki boýunça, ýagny dogry hereket edenimizde, durmuşymyzyň sazlaşykly bolýandygy anykdyr. Bu duýgyny başdan geçirmeklik islegi Hudaýa ýaranjaňlyk etmekligimiz üçin has kän güýç sarp etmeklige bizi mejbur edýändir. Hudaýa gulak asmaklygyň täsin sowgady — bu Onuň biziň bilen bolmaklygydyr. Gulak asmaklyk bilen Hudaýyň öz ýanymyzdadygyny duýmaklygyň arasynda göni gatnaşygyň bardygy sebäpli bu şeýle bolýandyr. Isa şeýle diýipdi: «...Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys» (Ýahýa 14:23). Özüni söýüp, gulak asýanlara Hudaý Özüni aýan edýändir. Özümiziň gulak asmazlygymyz zerarly biz öz durmuşymyzda Hudaýyň merhemetiniň dolulygyndan kän mahrum bolýandyrys. Siziň aýalyňyz Hudaýyň mydama öz ýanyndadygyny duýmaklygy küýseýändir. Hudaýyň erkini ýerine ýetirip, aýalyňyz bu täsin duýga eýe bolmaklygy isleýändir. Onuň Hudaýyň ýollaryndan ýöräp bilmekligi üçin siziň dilegleriňiz wajypdyr. Kesgitli düzgünleri ýerine ýetirilmezlik üçin her bir oýunda hem jerime salynýandyr. Biziň gulak asmazlygymyzyň bir netijesi — bu dileglerimize jogabyň alynmazlygydyr (Süleýmanyň tymsallary 28:9; Mezmur 66:18 seret). Diňe käbir düzgünleri bozýandygy sebäpli, aýalyňyzyň dilegleriniň jogapsyz galmagyny siz isleýän dälsiňiz ahyryn. Her bir oýnuň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň neneň wajypdygyny Hudaýyň aýalyňyza düşündirmegi üçin dileg ediň. Aýalyň gulak asmazlygy onuň sözleýşinde has-da aýdyň bolýandyr. Bu barada Mukaddes Kitapda anyk aýdylandyr: • Öz pikirleriňi ses bilen aýtmaklyga howlukmaklygyň geregi ýokdur. «Söz sözlemekde çalt adamy gördüňmi? Akylsyz üçin umyt onuňkydan köpdür» (Süleýmanyň tymsallary 29:20); • Özüňe gözegçilik edip bilmeli. «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalak edýändir» (Süleýmanyň tymsallary 29:11); • Sözlerimiziň başga adamlara zyýan getirip biljekdigini ýadymyzda saklamalydyrys. «Ölüm we ýaşaýyş diliň ygtyýaryndadyr; dili söýýänler onuň miwesinden iýer» (Süleýmanyň tymsallary 29:11); • Öz sözleriňi ilki bilen oňatja oýlamaly. «Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr; erbetleriň agzy bolsa ýaman sözler sowurýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 15:28). Aýallaryň aglabasy gepçidirler. Bu her bir aýalyň dürli pikirlidigi, duýgulydygy, ajy we süýji ýatlamalardan doludygy bilen düşündirilýändir. Eger olary aýal biri bilen paýlaşmasa, onda ol edil ýarylyp barýana meňzeýändir. Gürrüňdeşlik — aýal üçin uly begençdir. Aýallaryň agyzlaryndan çykýan sözler bilen birleşikler berkedilýändir, ýüregiň ýaralary bitýändir, bilim ýaýradylýandyr, üzülen gatnaşyklar dikeldilýändir, syrlar açylyp, dünýä kynçylyklary çözülýändir. Aýallar geplemelidirler. Maňa geplemegi halamaýan aýaly görkeziň we men özüni diňlemekligi hiç kimiň we hiç haçan islemedik aýaly görkezerin. Her bir aýal öz sözleriň güýjüni we şol aýdylan sözleriň döredýän uzak wagtlaýyn yzalaryny oňat duýýandyr (nähili bolýandygyna seretmezden, aýal äriniň birnäçe ýyl mundan ozal hem aýdan sözlerini ýadynda saklaýandyr, äri bolsa olary bir minutdan soň bireýýäm ýadyndan çykarýandyr). Eger aýal öz sözleriniň birini öýkeledendigini duýýan bolsa, onda ol rahatlanyp bilýän däldir; eger öz sözleriniň kimdir biri tarapyndan nädogry düşündirilen bolsa ýa-da eger ol öz çagasydyr dosty bilen gödek gürleşen bolsa, onda aýal gaty güýçli gaýgylanýandyr. Şonuň üçin hem şu soragda aýallar dilege gaty mätäçdirler. Özünde Hudaýyň arassa ýürek ýaratmaklygy we diňe dikeldip, durmuş getirýän sözleri oňa bermekligi üçin siz aýalyňyz hakynda Hudaýdan dileg etmelisiňiz. Haçan gepläp, haçan näme diýip, haçan dymmaly bolýandygyny bilmekligi üçin, aýalyňyz Hudaýyň ýolbaşçylygyna mätäçdir. Ýekeje aýal hem iňirdegen bolmaklyk isleýän däldir, emma käwagtlar ol äriniň, çagalarynyň we özüniň durmuşyny oňatlaşdyrmaklyga synanyşyp, maşgala durmuşynyň erbet taraplaryny görýär we öz güýji bilen bir zatlary üýtgetmeklige synanyşýandyr. Eger siz aýalyňyzyň şol bir kynçylyk hakynda mydama howsalalyk bilen gürrüň edýändigine üns berseňiz, ol kynçylygyň çözülmegi üçin onuň bilen bile dileg ediň. Özüniň rahatsyzlanmasyna düşünip, kynçylygyň çözülmegi hakynda dileg etmekligiňiz hakyndaky pikirler aýalyňyza teselli berer. Özüniň ähli howsalalary we kynçylyklary hakynda dilegde Hudaýa gürrüň berendigiňiz baradaky pikirden aýalyňyz rahatlanma tapar. Hatda aýalyňyz soňabaka bu hakynda gürrüň etmezligi hem mümkindir. Sözleriň durmuş getirmekleri üçin sözleýşiňe gözegçilik etmeklik — bu gulak asmaklygyň ençeme taraplarynyň biridir. Şol ähli taraplaryň her birinde üstünlikli bolmaklygy üçin siziň aýalyňyz dileglere mätäçdir. Golf oýnunyň sözlügi bilen aýdanymyzda, golf taýagy bilen güýçli urgy etmekligi öwrenmeklik üçin aýalyňyzyň özüniň Hudaýyň alnynda gezmekliginde kämillige ýetmekligi isleýändir. Goý, aýalyňyz birinji gezekden dogry urgy etmekligi başaryp bilmeýän bolsun, hiç bolmanda, pökginiň çägä gömülendigi sebäpli ony golf taýagy bilen urup bolmaýan ýakymsyz ýagdaýlaryň birine düşmez. Aýalyňyzyň öz ýüregini Hudaý üçin açyp bilmekligi we Hudaýyň oňa: «Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär, gaty gowy oýnadyň» diýip bilmekligi üçin dileg ediň. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyzyň Hudaýa gulak asmaklygy; • Özünden Hudaýyň nämä garaşýandygyny bilmekligi; • Aýalyňyzyň Hudaýyň ýollarynda ýöremekligi islemekligi; • Mukaddes Ruhuň oňa ýolbaşçylyk etmekligi; • Onuň sözleriniň mydama ýaşaýyş getirmegi; • Hudaýyň oňa Öz erkini amala aşyrmaga kömek etmekligi; • Aýalyňyzyň öz gulak asmaklygy bilen Hudaýa ýaranjaňlyk etmekligi. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Maýkl Omartiýan gürrüň berýär Meniň aýalym Hudaýa gulak asyjydyr. Emma gulak asyjy bolmaklyk hemişe ýeňil däldir. Käwagtlar Stormy özünden Hudaýyň näme isleýändigine anyk düşünip bilmeýär, şonuň üçin hem saýlaw etmeli bolanynda, ol Hudaýyň sesini eşidip, özüniň haýsy ýoldan gitmelidigini Onuň görkezmekligi hakynda meniň dileg etmegimi haýyş edýär. Men Stormynyň Hudaýa gulak asmaklyk niýetinde berk bolmaklygy we Onuň erkini taýynlyk bilen ýerine ýetirmegi hakynda dileg edýärin. Aýalymyň gulak asyjy bolmaklyk isleginiň tebigy halda döremekligi üçin men Mukaddes Ruhuň oňa ýolbaşçylyk etmekligi hakynda dileg edýärin. Bir gezek Hudaý maňa Öz erkini aýan etdi: bir başga biz ştata göçmelidik. Stormy bolsa özüniň meniň pikirim bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Eger Hudaý bize göçmekligi buýurýan bolsa, onda Onuň edil maňa ýüzlenişi ýaly aýalyma hem ýüzlenjekdigini men bilýärdim. Men düşündim: aýalyma gyryryp, özümiň dogrudygymy subut etmekligiň deregine, men onuň Hudaýyň sesini eşidip bilmekligi üçin dileg etmelidirin. Hut şu hakynda-da men dileglerimde Hudaýda soradym. Ine-de, birnäçe hepdeden soň günleriň birinde Stormy biziň beýleki ştata göçmegimiz hakynda aýdyň we takyk görkezme aldy. Biziň ruhy saglygymyz üçin Özüniň erkini ýerine ýetirmekligimiziň gaty wajypdygyny Hudaý bize görkezýändir. Ol biziň gurbanlyklarymyzyň deregine, Özüne tabyn bolup, gulak asmaklygymyzy görmek isleýändigi hakynda aýdýar. Aýalymyň Hudaýyň öňünde gulak asmaklykda gezýändigi maňa uly teselli berip, gaty şatlandyrýar, çünki gulak asmaklyk bilen parahatlyk diňe bir aýalymyň ýüreginde däl-de, hatda bütin maşgalamyzda höküm sürýändir. Stormynyň öz durmuşy bilen çagalarymyzyň Hudaýyň erkini ýerine ýetirmekleri üçin oňat mysal berýändigini men bilýärin. Aýalymyň Hudaýa gulak asmaklygyna päsgel berýän zatlaryň baryndan azat bolmaklygy üçin men dileg edýärin. Men bu hakda diňe bir dileg etmän, eýsem bu soragda özümiň oňat mysal bolmaklygyma çalyşýaryn. Dileg Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň aýalymyň (aýalyňyzyň ady) mydama Seniň erkiňi ýerine ýetirmekligine we Seniň ýollaryňdan ýöremekligine kömek et. Özüniň pikirleriniň Seniň niýetleriň bilen nirede gabat gelmeýändigini aýalyma görkez. Seniň öwütleriňi eşidip bilmekligine kömek et we olary ýerine ýetirip bilmeklik islegini aýalymyň ýüregine sal. Her bir günäni dessine boýun almaklygyň wajypdygyny onuň ýadyna sal we her bir anyk ýagdaýlarda özüniň tabyn bolýandygy we gulak asyjydygy hakynda şaýatlyk edýän hereketleri etmekligine kömek et. Saňa gulak asmazlygyň netijeleriniň biriniň Senden daşlaşmakdygyny men bilýärin. Aýalymy Seniň söýgüňden daşlaşdyrýan ähli zatlardan azat bolmagyna kömek et. Özüniň nämede nädogrudygyny bilip, dogry hereket etmekligine kömek et. Seniň Sözüňde şeýle diýlendir: «Tabşyryklary saklaýan öz janyny goraýandyr…» (Süleýmanyň tymsallary 19:16). Gulak asmaklygyň her bir basgançagynda aýalyma pata ber. Aýalyma özüniň Saňa gulak asyjydygy hakyndaky pikirlerde peýda bolýan özüne ynanlylygy ber. Eý Hudaý, Sen şeýle diýipdiň «…agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir» (Matta 12:34). Sözlerinde dökülmekleri üçin aýalymyň ýüregini Özüňiň söýgiň, parahatlygyň we şatlygyň bilen doldur. Sözleriniň diňe ýaşaýyş getirmekleri üçin, goý, Seniň Ruhuň aýalymyň sözleýşine ýolbaşçylyk etsin. Goý, aýalym Dawut bilen: «Sen meniň ýüregimi derňärsiň; meni gije barlarsyň, synarsyň we hiç bir ýazyk tapmarsyň; meniň pikir-niýetimiň agzymyň hetdinden aşmazlygydyr» (Mezmur 17:3) diýsin. Eý Hudaý, Seniň Sözüňde şeýle diýilýändir: «…Sen göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmazsyň» (Mezmur 84:11 seret). Men aýalymyň dogry hereket etmekligi we Seniň ondan ýagşyly gaýgyrmazlygyň üçin dileg edýärin. Aýratyn hem oňa parahatlyk we ömrüniň uzak bolmaklygyny bermegiňi haýyş edýärin (Süleýmanyň tymsallary 3:1-2 seret). Goý, meniň aýalym gulak asmaklykda gezsin we Sen oňa bolelin pata berersiň. Aýalymyň agzynyň sözleri, ýüreginiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, biziň Gaýamyz we Halasgärimiz. (Mezmur 19:14 seret). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar Oglum, öwredenlerimi unutma, tabşyryklarymy ýüregiňde sakla. Çünki olar saňa uzak ömür berip, ýaşaýyş ýyllaryny we parahatlygy artdyrarlar. Merhemet we hakykat seni taşlamaz; olary boýnuňa bagla, ýüregiň daş sahypasyna ýaz. Süleýmanyň tymsallary 3:1-3 Agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr. Süleýmanyň tymsallary 31:26 Agzyny saklaýan janyny goraýandyr; agzyny giň açana bolsa heläkçilik bardyr. Süleýmanyň tymsallary 13:3 Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar. Süleýmanyň tymsallary 4:18 Başarjaň aýaly kim tapyp biler? Onuň bahasy ýakutdan ýokarydyr. Süleýmanyň tymsallary 31:10 ÝIGRIMINJI BAP. AÝALYŇYZYŇ GELJEGI Haýsy kompaniýalaryň üstünlikli, haýsylarynyň bolsa ýokdugyny bilmekligim üçin men öňler mydama fond biržalarynyň täzeliklerine üsn berýärdim. «Gör bolýan zatlary, — diýip, men öz içimden oýlanýardym. — Eger men şonda şu kompaniýanyň aksiýalaryny satyn alan bolsadym, häzir meniň näçe kän pulum bolardy!» Meniň maglumatlarym aklananlarynda, men gaty şat bolardym, emme özümiň hiç hili maýa goýma etmedigim sebäpli, hiç hili girdeji hiç haçan almaýardym. Tä oňat girdeji getirýäne maýa goýma goýmaklygy öwrenenime çenli, bu şeýle bolmaklygyna dowam etdi. Biziň geljegimiz bilen hem hut şeýledir: eger biz maýa goýmalary akyldarlyk bilen eden bolsak, onda uly girdeji alýandyrys. Ýöne biržadaky oýundan tapawutlylykda, şu ýagdaýda, eger biz hiç zat goýmasak, onda kän zatlary ýitirip bilýändiris we biziň hereketsizligimiziň netijeleri gaýgyly bolup bilýändir. Geljege goýulmanyň iň peýdaly görnüşi dilegdir, çünki siz hiç haçan hem hiç zat ýirirýän dälsiňiz. Umyt üçin Hudaý bize berk esas bilen ajaýyp geljegi wada berýändir, emma bu hakda dileg edilmelidir (Ýirmeýa 29:11 seret). Eger siz aýalyňyz üçin dileg edýän bolsaňyz, onda onuň bilen bilelikdäki durmuşyňyzyň ahyryna çenli wada berlen girdejini alýansyňyz. Adatça aýallar özleriniň geljeginden gorkýarlar. Bu gorkynyň sebäbi, aýalyň ejizliginde bolsa gerek. Aýal çagasyny ýa-da ärini ýitirip, ýeke galmaklykdan gorkýar, çynlakaý kesellemekden ýa-da maýyp bolmaklykdan gorkýar, zorlugyň öňünde goragsyz bolmaklykdan gorkýar, durmuşyň manysyny ýitirmekden, özüni üpjün edip bilmezlikden gorkýar, özüniň hiç kim üçin peýdaly we owadan bolmazlygynda gorkýar. Onuň gorkulary has ulalyp, aýal özüniň geljegine göz ýetirip bilmeýän ýagdaýyna ýeteninde, ol ugur tapmaklygy ýitirýändir we onuň durmuşyna aljyraňňylykdyr umytsyzlyk ýolbaşçylyk etmäge başlaýandyr. Ony halas edip biljek ýeke zat — bu özüniň kimdigini we näme sebäpden şu ýagdaýa düşendigini açýan Hudaýyň Sözüniň hakykatydyr. Hudaý siziň aýalyňyzy Özüniň gyzy hasaplaýar (Ýahýa 1:12 seret), Ol aýalyňyzy ýekelikden goramaklygy (Matta 28:20) we hiç haçan hem ony taşlamazlygy wada berýär (Ýewr. 13:5 seret). Hudaý aýalyňyza Özüniň baky söýgüsini (Ýahýa 15:9 seret) we kömegini wada berýär (Rim. 8:37 seret). Aýalyňyzyň durmuşynda bolup geçýänleriň barynyň onuň «ýagşylygy üçin işleýändigine» Hudaý ynandyrýar (Rim. 8:28 seret). Özüniň geljegi hakynda Hudaýyň ähli aýdýanlaryna aýalyňyzyň ynanyp bilmekligi üçin dileg ediň. HUDAÝA HYZMATY ALYP BARÝAN AÝAL Eger siziň aýalyňyz Hudaýa hyzmaty alyp barýan bolsa, onda sizden çynlakaý dileg talap edilýändir. Bu diýmek, eger siziň ýanýoldaşyňyz edil mugallym ýa-da ruhlandyryjy hökmünde Hudaýa hyzmat edýän bolsa, ýa-da adamlaryň ýüreklerine başga ýollar bilen ýüzlenýän bolsa, onda ol siziň dileg goldawyňyza gaty mätäçdir. Näme edýändigine seretmezden — müňlerçe adamlar üçin aýdym aýdýandygyna ýa-da çagalar bilen meşgullanýandygyna, ýa-da özüniň garry goňşusyna Hudaý hakynda gürrüň berýändigine seretmezden, ol siziň dilegleriňize mätäçdir. Eger aýalyňyzyň ady bütin ýurtda tanymal bolsa ýa-da ýekeme-ýekelikde adamlara psihologik kömek edýän bolsa, onuň Hudaýyň Şalygy üçin edýän ähli işleriniň bolsa asyl manysyna düşünýän ýeke-täk adam siz bolýan bolsaňyz, onda elbetde, ýanýoldaşyňyz siziň dilegleriňize gaty mätäçdir. Olarsyz siziň aýalyňyz ýuwutmaga taýyn bolan duşman üçin ýeňil olja bolup bilýändir. Aýalyňyzyň Hudaýa näçe hyjuw bilen gulluk etdigiçe, duşmanyň hüjümleri şonça-da gazaply bolýandyr. Siz aýalyňyz üçin edýän dilegleriňiziň edýän täsirine kem baha bermeli dälsiňiz. Hudaý olary eşidýändir. Ol dilegler aýalyňyzyň durmuşyny halas edip, geljekde ony goraýandyrlar. Eger siz ýygnakda hyzmat alyp barýan bolsaňyz, onda Hudaýyň özüňizi çagyran işinde aýalyňyzyň kömekçi bolýandygy sebäpli, ýanýoldaşyňyzy duşman özi üçin olja hasaplaýandyr. Ilki bilen aýalyňyzy ýok etmekligi bilen sizi ýok etmeklik üçin şeýtan elinden gelenini edýändir. Maňa hyjuw we üstünlik bilen özüniň Hudaýy şöhratlandyrmak borjuny ýerine ýetirýän erkegi görkeziň we men size duşmanyň oklarynyň odunyň astynda duran aýaly görkezerin. Eger siz aýalyňyz bilen bile Hudaýa hyzmat edýän bolsaňyz, onda tümlügiň hökümdarynyň muňa çydap durmaga güýji ýokdur. Siziň ikiňizi-de syndyrmaklyk üçin duşman ähli serişdeleri ulanýandyr. Bir-biriňiz üçin dileg etmeklige taýyn boluň we ruhda berk bolan ynanýanlaryň dileg goldawlaryny edinmeklik hakynda hem alada ediň. AKYLDARLYK BAGTLY GELJEGIŇ GIREWI KIMINDIR Akyldarlyk — bu geljege gapyny açýan açardyr. Hut akyldarlyga siziň aýalyňyz ähli zatdan hem kän mätäç bolsa gerekdir. Biziň durmuşymyz käwagtlar şeýle bir duýdansyz üýtgeýär welin, hatda ýagdaý gözegçilik astyndan çykýandyr we özümiziň akyldarlyga we Hudaýyň ylhamlaryna eýe bolmadygymyz sebäpli, biz ýoldan çykýandyrys. Aýalyňyzyň pullary dogry ulanyp bilmekligi üçin, adamlara dogry düşünip, dogry hereket edip bileri ýaly hakykaty we ýalany saýgaryp bilmekligi üçin, şeýle-de, gerekli wagtynda gerekli ýerde bolup bilmekligi üçin ýanýoldaşyňyza akyldarlyk gerekdir. Mukaddes Kitapda suratlandyrylan kämil aýal akyldarlyga eýedir, şunuň ýaly bolmaklyk bolsa dilegsiz başardýan däldir (Süleýmanyň tymsallary 31:26 seret). Günüň dowamynda aýal dürli kararlary çalt kabul etmeli bolýandyr we şunuň üçin hem oňa Hudaýdan akyldarlyk gerekdir (Ýakup 1:5 seret). Eger siz öz aýalyňyz üçin Hudaýdan akyldarlygy, paýhasy we düşünjäni sorasaňyz, onda oňa Hudaýdan bilim gelýändir we aýalyňyz özüniň Hudaýda kimdigine göz ýetirer. Akyldarlyga eýe bolmaklyk bilen, siziň aýalyňyz durmuşynda dogry ýoly saýlap biler. Bagtly geljek üçin ýene näme gerekdir? Eger siz Hudaýdan akyldarlyga, paýhasa, düşünjä we bilime eýe bolsaňyz, onda geljek hakynda aladalanmagyňyzyň geregi ýokdur. Öňler meni özümiň geljegim gaty aladalandyrýardy, çünki meniň gözümiň alnyna diňe şol pursat maňa wajyp bolup görünýän durmuşymyň ýagdaýlary görünýärdi. Emma bir gezek çopan Jeýk Heýford maňa şeýle diýdi: «Özüňiň şu wagtdaky ýagdaýyňy geljekdäki durmuşyň baradaky pygamberlik hökmünde kabul etme». Size bu pikir ýaraýarmy? Eger şu gün siz öz durmuşyňyzdan kanagatlanarly bolmasaňyz, onda bu hemişe-de şeýle boljakdygyny aňladýan däldir. Biz-aýallara bir aýratynlyk mahsusdyr — häzirki ýagdaý hiç haçan hem üýtgemez diýip biz gorkýandyrys. Jeýk çopan maňa ýene-de şeýle diýdi: «Öz geljegiň barada onuň ýamandygyny tassyklaýan adamlaryň sözleri boýunça höküm çykarma». Kimdir biri tarapyndan öňünden aýdylan betbagtçylyklar hakynda biziň aladalanmagymyzyň geregi ýokdur. Bize žurnalistleriň maglumatlary hakynda, biržada bolup geçýänler hakynda, geljek barada goňşymyzyň, işdeşimiziň ýa-da Betsi daýzanyň aýdýanlary hakynda howsalanmagymyzyň geregi ýokdur. Geljegimiz barada Hudaýyň aýdýanlary biziň üçin wajypdyr. Geljegimiz barada dogry düşünjämiziň bolmaklygynyň wajypdygy hakynda Hudaý diýýär. Şonuň üçin hem ol düşünjäni bize bermekligi hakynda Ondan soramalydyrys. Emma Hudaýdan ylhama eýe bolmaklygyň Hudaýyň biziň geljegimiz barada ähli zady jikme-jik gürrüň berjekdigini aňladýandygy däldir. Ol diňe Özüni biziň üçin açmaklygy wada berýändir, çünki Ol — biziň geljegimizdir. Eger biz Hudaýa ynanýan bolsak, onda Ol biziň üçin taýýarlan geljege alyp barar. Şonuň üçin hem aýalyňyzyň geljegi hakynda Hudaýdan düşünje soramaklyk — bu ýanýoldaşyňyzyň öz geljegini doly bilmekligini aňladýandygy däldir, emma siziň dilegleriňiz aýalyňyzyň geljeginiň bardygyny görmegine we onuň oňatdygyna düşünmegine kömek edýändir. Bu has-da ýeterlidir. Geljegimiziň aglaba bölegi bizden gizlin bolandygy sebäpli, hatda iň oňat ýagdaýda-da biz geljegimize doly ymanly bolup bilýän däldiris. Duşman biziň durmuşymyzda öz niýetlerini amala aşyrmaklykdan hiç haçan hem elini üzmeýändigi sebäpli, bar zatlar birsalymyň içinde üýtgäp bilýändir. Şonuň üçin hem Hudaýyň özümizi gorap, Öz niýetlerini hökman amala aşyrjakdygyna ynamly bolmaklygymyz üçin mydama oýa bolup, dileg etmegimizi bes etdirmeli däldiris. Aýalyňyzyň geljegi hakynda dileg etmeklik bilen, özüňiziň hem geljegiňiz hakynda dileg edýändigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň, çünki onuň geljegi siziňkiden aýry bolup bilmeýşi ýaly, onuňky hem siziňkiden aýry bolup bilýän däldir. Siziň durmuşlaryňyz üznüksiz baglydyr. Şonuň üçin hem siziň dilegleriňiz bir zady anyk wada berýändir — olar siziň nikaňyzyň soňuna çenli howpsuzlygy üpjün edip, size hökman peýda getirer. Eger siz aýalyňyz üçin dileg edip, onuň geljegine goşant goşýan bolsaňyz, onda men size söz berýärin: siziň durmuşyňyz Hudaýyň patalaryna baý bolar. AÝALLARYŇ MÄTÄÇLIKLERI Şu aşakdakylar üçin dileg ediň: • Aýalyňyzyň geljekden gorkmazlygy; • Onuň akylly bolmaklygy; • Geljeginiň ajaýypdygyna ynamly bolmaklygy; • Aýalyňyzyň çalt dogry kararlary kabul edip bilmekligi; • Özüniň geljegi hakyndaky şeýtanyň ýalanlaryna gulak asmazlygy; • Aýalyňyzyň ýaşy bir çene ýeteninde-de, oňat miweler getirmegi; • Onuň geljekde duşmandan goragly bolmaklygy. ÄRLERIŇ ŞAÝATLYKLARY Lifoniýadaky (Jorjiýa ştaty) «Göklerden dogulma» atly wagyzçy baptist jemgyýetiniň baş çopany Eddi L. Long gürrüň berýär. Ol aýaly Wanessa bilen 11 ýyl nikada we olaryň dört çagalary bar. Meniň aýalymy ençeme adamlar özleriniň ikinji enesi hasaplaýarlar: biziň ýygnagymyzyň 22 müňden gowrak adamy. Ol ýuwaş, bilimli, oňat, sada we hudaýhon aýal. Ol şöhraty we hormaty gözlemeýär. Emma Wanessänyň durmuşynyň meniňki we meniň bolsa onuňky bilen baglydygy sebäpli, ol meniň bilen bile çykyş edip, ençeme adamlaryň özüne berk ünslerini duýmaly bolýandyr. Aýalym dürli ýagdaýlardan mertebelik bilen baş alyp çykmaklyk ukybyna eýedir. Men bolsa onuň mydama Hudaýyň sesini eşidip bilip, Onuň erkini bilip bilmegi üçin dileg edýärin. Ençeme ýyllaryň içinde men aýalymdaky kesgitli üýtgeşiklere üns berdim. Ol biziň ýygnagymyzyň ünsüni ýygnaga täze gelen we başga aýallar bilen baglanyşykly kynçylyklara çekýärdi. Ol öz öňünde maksat goýupdy — aýallaryň kynçylyklarynyň iň köküne çenli ýetmeklik. Aýalym üçin edýän gündelik dileglerimiň jogabynyň Wanessänyň ýürekleri döwlen adamlaryň şypa tapmaklaryna we dargan maşgalalaryň dikeltmeklerine edýän kömeginde aýan bolýandygyna men ynamlydyryn. Dilegsiz aýalymyň ýolbaşçylyk edýän «Ýürekden ýürege» atly aýallar guramasy aýallaryň ýüreklerine şeýle güýçli täsir edip, şu günküsi ýaly, ençeme maşgalalaryň durmuşlaryny üýtgedip bilmezdi. Bu işde Hudaýyň niýetiniň ýa-da biziň maşgalalarymyz we dostlarymyz tarapyndan edilýän dilegleriň nähili rol oýnaýandyklaryny derňew etmäge synanyşjak däldirin, emma aýalym üçin özümiň dileg edýändigimi we munuň onuň durmuşyna oňat täsir edýändigini bilýändirin. Aýalymyň äri hökmünde, men ýanýoldaşymyň Hudaýa gulluk edip bilmekligi üçin, meniň dileglerimiň onuň günälerinden azat bolmagyna kömek edýändigini bilýändirin. Dileg Hudaýyň güýjüniň hereket etmekligi üçin gapy açýandyr. Men peýda almaklyk bilen, aýalym Wanesse üçin dileg etmegimi dowam etdirýärin, çünki ol özüni tanaýanlaryň ählisi üçin pata bolýandyr. Men aýalymyň Hudaýy şöhratlandyrmagy bilen, özüniň hem şöhratda ösýändigini görýärin. Meniň aýalym — meniň şöhratym, Hudaýyň sylagy. Öz gezeginde, aýalym üçin dilegim meniň öz durmuşyma hem täsir edýändir, çünki aýalym bilen men bilelikde Mesihde ösýändirin. «Men Rebbi söýýärin, çünki Ol sesimi, nalyşlarymy eşidýär. Maňa gulak asýanlygy üçin ömür boýy men Ony çagyraryn» (Mezmur 116:1-2). Dileg Eý Hudaý, aýalymyň (aýalyňyzyň ady) geçmişi, häziri we geljegi hakyndaky pikirleri onuň ýüregine bolelin parahatlygy getirmegini Senden haýyş edýärin. Özüniň geljegine we Seniň eliňde bolanynda, howpsuzlykdadygyna bolan ynamlylygy ber. Özüni we özüne mähriban bolanlaryň baryny duşmandan gora. Özüňiň taýýarlan geljegiňden aýalymy hiç zadyň aýryp bilmezligi üçin ony geçmişiň zynjyrlaryndan bütinleý azat et. Geljege Seniň seredişiň ýaly aýalymyň hem seredip bilmegine, şeýle-de, şeýtanyň hemişelik aldawlaryna ynanmazlygyna kömek et. Goý, «Seniň niýetleriňiň onuň üçin gelejek we umyt bermek üçin ýamanlyk däl, parahatlyk niýetleridigine» aýalym ynanyp bilsin (Ýirmeýa 29:11 seret). Geljekden gorkmaklygy üçin sebäbiň ýokdugyny aýalyma aç. Eý Hudaý, men Senden haýyş edýärin: meniň aýalyma (aýalyňyzyň ady) ähli zatda akyldarlyk ber. Goý, dürli kararlary kabul edeninde, Mukaddes Ruh oňa ýolbaşçylyk etsin. Işinde, ýollarynda, adamlar bilen gatnaşyklarynda we pullary ulanmaklygynda aýalymyň akylly we paýhasly bolmaklygyna kömek et. Hakykaty ýalandan tapawutlandyryp bilmeklik ukyby bilen oňa pata ber. Goý, akyldarlygy gözlänlere wada beren ömrüň uzyn bolmaklygyna, şatlyga, baýlyga we bagta ýanýoldaşym eýe bolsun (Süleýmanyň tymsallary 3:16-18 seret). Goý, ol Saňa bil baglamaklyga öwrensin we howpsuzlykda bolmaklygy üçin, gorkudan azat bolmaklygy üçin, arkaýyn uka eýe bolup, Senden merhemet almaklygy üçin paýhasly bolmaklygyna kömek et (Süleýmanyň tymsallary 3:21-26 seret). Aýalymyň Seniň akyldarlygyňa bagly bolup, öz aklyna bil baglamazlygy öwrenenine çenli, ýanýoldaşymy şöhrata geýdirip, oňa güýç ber. Bilelikdäki kararlary kabul etmeli bolanymyzda, bize akyldarlyk ber. Aýratyn hem men biziň… (ikiňiziň bile kabul etmeli kararyňyzyň adyny aýdyň) hakynda dileg edýärin we Özüň bize kömek et. Şu soragda Seniň erkiňi bilmegimize kömek et. Saňa ýaraýan we Seniň niýetiňe laýyk gelýän kararlary kabul etmegimize pata ber. Aýalymyň (aýalyňyzyň ady) Seniň öýünde ekilip, Seniň howlularynda gülleýän agaç kimin bolmagy üçin dileg edýärin. Goý, ol garrylygynda-da miwe berip, suwly we ter bolsun (Mezmur 92:13-15 seret). Aýalyma uzak ömür ber we goý, ol ýerdäki durmuşynyň ahyryna hut Seniň bellän wagtyň baryp ýetsin. Bu dünýäden geçmekligi aýalym üçin gaýgyly bolman, parahatlyk we şatlyk bilen amala aşsyn. Goý, ol hakda Seniň dünýä saçan yşygyň diýsinler. Bu gün men aýalyma: «Mesihde kämillige gowşansyň» diýerin (Kol. 2:10). Bizde «…oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine» meniň berk ynamym bar (Flp. 1:6). Ýene-de men aýalyma: «Tur, ýaldyra, çünki yşygyň geldi we Rebbiň şohraty saňa dogdy!» diýerin (Işaýa 60:1). SIZIŇ DILEGIŇIZI HAS TÄSIRLI EDIP biljek mukaddes kitapdan alnan aýatlar …ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir». 1 Kor. 2:9 Çünki munuň hökman geljegi bardyr, umydyň üzülmez. Süleýmanyň tymsallary 23:18 Oglum, sagdyn öwüdi, paýhasy gözüňden salma, olary sakla. Şeýle etseň, olar seniň janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar. Onsoň, ýoluňda aman gezersiň, aýagyň taýmaz. Ýatsaň gorkmarsyň; hawa, ýatyp, süýji uka gidersiň. Duýdansyz abanan howpdan, erbetleriň başyna gelen ýykgynçylykdan gorkma. Çünki Reb seniň tarapyňda bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar. Süleýmanyň tymsallary 3:21-26 Öý we mal-mülk atalar mirasydyr; paýhasly aýal bolsa Rebdendir. Süleýmanyň tymsallary 19:14 …siziň üçin niýetlän niýetlerimi Özüm bilýärin, Reb diýýär, olar size gelejek we umyt bermek üçin ýamanlyk däl, parahatlyk niýetleridir. Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gidip, Maňa dileg edersiňiz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz, bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Ýirmeýa 29:11-13 BELLIKNIŇ 1. Disleksiýa — okamaklygy özleşdirmekligiň ukybynyň bozulmagy. — Redaktoryň belligi. 2. «Pebble Beach Concours d’Elegance», konkursy Kaliforniýada geçirilýän iň täsin konkursdyr. Oňa iň owadan, adaty bolmadyk we gaty seýrek duş gelýän maşynlar gatnaşýandyrlar. — Red. bel.