TUPANA DÖZ GELMEK
Okuw gollanmasy
Giriş
TUPANA DÖZ GELMEK
Süleýmanyň tymsallary 10:25
Mesihiler özlerini aladasyz we ýeňil durmuş babatda boş hyýallar hem umytlar bilen köşeşdirmeli däldigine has-da çuň düşünip başladylar. Bu barada Isanyň Özi aýdypdy. Bu gün dünýäniň köp ýurtlaryndaky Isanyň yzyna eýeriji adamlar Onuň:
«Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» (Ýahýa 16:33).
diýen sözleriniň hakykydygyny özlerinde duýup görýärler.
Şonuň üçin synagdan we gaýgydan gaçmaga çalyşmaklyk däl-de, olara döz gelmeklik synaga dogry garamaklyk bolar. Hawa, biz durmuşymyzda gözýaşlaryň boljakdygyny boýun almalydyrys, ýöne Hudaýyň biziň gözýaşlarymyzy süpürjek wagty hem geler.
Biz oýun meýdançasy däl-de, söweş meýdanyna kybapdaş bolan dünýäde ýaşaýarys. Şonuň üçin biz Efeslilere hatyň 6-njy babynda gürrüňi edilýän Hudaýyň ruhy ýaraglary baradaky sözlere çynlakaý diň salmalydyrys. Onda şeýle diýilýär: «Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň» (Efesliler 6:13, özüm çyzdym — P. E.).
Şeýle-de, Isanyň: «Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin. Ýagyş ýagyp siller geldi, yeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy» diýip, beýleki aýdan sözleri hem biziň ýadymyzdadyr (Matta 7:24–25).
Gomly ýelleriň biziň ýüzümize urmajakdygyna Isa söz berenok, ýöne Ol berk esasda gurlan öýüň islendik goma hem döz gelip bilýändigine bizi ynandyrdy. Şu ýerdäki berk esas biziň Isanyň sözlerini diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, eýsem şol sözlere gulak hem asmalydygymyzy aňladýar. Hudaýyň Sözüne şunuň ýaly derejede boýun bolmaklyk, hatda iň zalym yzarlama-da biziň döz gelip biljekdigimize güwä geçýär. Biziň kursumyzyň maksady, islendik ýagdaýlarda-da özümize kömek edip biläýjek diýseň wajyp bolan Mukaddes Kitap hakykatlaryny tapmakdyr.
Dünýäniň käbir ýerlerinde imanly adamlary yzarlamalaryň garşysyna ruhy galkynyş aýaga galýar. Hudaý Öz yzyna eýerýänleriň imanyny jebir ody bilen arassalaýar. Ýygnaklaryň gurluşy üýtgeýär. Adamlar hem öz ähmiýetine täzeçe düşünip başlaýarlar. Ýygnak hem özüniň esasy gymmatlyklaryna gaýdyp gelýär. Şeýdip, Mesihe iman edýän adamyň täze şahsyýeti emele gelýär. Şahsyýetiň üýtgemesiniň hakyky manysyna Pawlusyň: «…biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris» (Rimliler 8:37) diýen sözlerinde tapyp bileris. Şeýle-de, ýeňip geçenler hem üstün çykanlar barada resul Ýahýanyň Ylham kitabynda-da gürrüň berilýär.
Imany sebäpli yzarlanylýan mesihilere elli ýyldan gowrak wagt bäri hyzmat edip gelýän (biz şol mesihilere Mukaddes Kitaplary goýberdik hem ruhlandyryp durduk) biziň guramamyzyň işgärleri yzarlanylýanlaryň tejribesiniň Mukaddes Kitap hakykatlaryny gündelik durmuşda nädip ulanmalydygyny her birimize öwredip biljekdigine göz ýetirdiler. Bu barada resul Pawlus hem 2 Korintoslylar 1:3–4-de şeýle diýýär:
Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr. Hudaýyň özümize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär.
Biziň gollanmamyzyň her bir sapagy «yzarlanylýan» diýip atlandyrýan Ýygnagymyzyň mesihileriniň janly şaýatlygy bolup durýandyr. Olar öz tejribelerini azat dünýädäki, biziň pikirimizçe, dura-bara azatlygyny ýitirip barýan dünýädäki doganlary bilen paýlaşýarlar. Olaryň şaýatlyklarynyň içinde hemme mesihiler üçin ruhy taýdan täzelenmäniň tohumy gizlenip ýatandyr diýip hasaplaýarys.
Biz şeýle hem, «soňky günlerde» (Matta 24-nji bap, Markus 13-nji bap) ýaşaýandygymyza berk ynanýarys. Bu «soňky günlerde» öz imanyny saklamaklyk gitdigiçe kynlaşar, şonuň üçin özümiziň Mesihdäki imanymyza hem-de Onuň direlişiniň durmuşymyzdaky güýjüne täzeden göz aýlamak gerek.
Hudaýyň ýekeje maksada gulluk edýändigini Mukaddes Ýazgy öwredýär. Ol bizi Öz Oglunyň keşbine öwürmäge çalyşýar. «Hudaýyň Oglunyň keşbi» nämede jemlenen? Bu soraga jogaby Isanyň Özüniň: «Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Markus 10:45) diýen sözlerinden tapmak bolýar.
Şeýlelikde, bir zady batyrgaýlyk bilen aýdyp bolar: Hudaý biziň hem durmuşda edil şunuň ýaly etmegimizi, ýagny janymyzy kaýyllyk we başga adamlara hakyky kömek etme islegi bilen bermegimizi isleýär. Hudaý bizi Öz maşgalasyna Ogluna bolan imanymyz arkaly getirýär. Mundan soň Ol bizde Mesihi beýik şahsyýet eden häsiýetleri terbiýeläp başlaýar. Bizde Onuň hyzmatkärlik ýüregi bilen pida ediji ruhy bolmalydyr. Mesihiler özleriniň esasy çagyryşyny köplenç nazaryndan sypdyrýarlar.
Mesihiligiň mehşur nyşanlary haç, balyk we Mukaddes Ruhy alamatlandyrýan kepderi bolup durýandyr. Megerem, az meşhur bolan, özem bize gaty bir ýerlikli bolup görünmeýän nyşan süpürgiç, ýagny Isanyň kiçigöwünlik bilen hyzmat edip, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwandan soň süpüren süpürgiji bolsa gerek.
Mesihiniň ýene-de bir merdana keşbi — söweşýän esgerdir. Taryhda mesihileriň ellerine ýarag alyp, adamlaryň, hatda beýleki mesihileriň hem garşysyna aýaga galan wagtynyň bolandygy sebäpli, bu nyşany ulanan mahalymyz örän seresap bolmalydyrys. Bolmasa, käbir adamlaryň oňa fiziki zorlugyň haýbaty hökmünde düşünmegi mümkin. Bu bolsa Mukaddes Kitap taglymatyna düýbünden ters gelýär. Şeýle-de bolsa, biz Mesihiň ruhy söweşlerde işjeň söweşýän täzeäht esgeriniň keşbinden ýüz öwrüp bilmeris, şonuň üçin hem biz şu gollanmada bu deňeşdirmäni — hyzmatkär esgeriň keşbini ulanarys.
1999-njy ýylyň başynda Ambonda (Indoneziýada) «Haçyň esgerleri» diýen mesihi ýaşlarynyň lageri düredildi. Bu lageriň üstüne gazap atyna münen musulman ekstremistleri çozup, Roý Ronton atly on bäş ýaşly oglany tutýarlar-da, ony soraga tutup başlaýarlar. Oglan: «Sen kim?» diýen soraga: «Men Isa Mesihiň esgeri» diýip jogap berýär. Şonda guduz açan ekstremistler onuň çep elini çapýarlar.
Sorag edilme dowam etdirildi. «Sen kim?». Roý ýene-de: «Men Isa Mesihiň esgeri» diýip jogap berdi. Şonda onuň sag elini hem çapýarlar.
Roýy: «Allah akbar» diýen sözleri aýtmaklyga mejbur edenlerinde, ol: «Meniň bilşime görä, Isa Mesih ýeke-täk Rebdir» diýdi. Mundan soň gazap donuny geýen kellekeserler onuň garnyny ýarýarlar-da, ýene-de: «Sen kim?» diýen soraga jogap talap edýärler.
Roý hem soňky güýjüni ýygnap: «Men Isa Mesihiň esgeri» diýip demini goýberýär. Şondan soň olar onuň kellesini hem kesip, jesedini ýabyň içine zyňýarlar.
Eger şu wakanyň öň ýanynda Roý bilen gürleşen bolsak, onda Roýda şunuň ýaly gaýduwsyzlygyň we Mesihe wepalylygyň bardygyny görüp bilmejekdigimize şübhelenmeýärin. Ýöne Roý abraý bilen synagdan geçdi-de, öz Rebbiniň ýanyna ýeňiji bolup bardy.
Biziň materialymyzy imanly adamlar okar hem-de öwrenerler diýip çaklaýarys, sebäbi hemme zady ýeňip geçýän mesihi durmuşynda ýaşamaklyk diňe bir kyn bolman, eýsem çydardan çökder gelýän durmuşdyr. Ýöne ol diňe imansyz durmuşda çydardan çökder gelýändir!
Käwagt göwnümize iman etmeklik biziň borjumyz ýa-da Hudaýa gaýdyp bermäge borçly bolan bir zat ýaly bolup görünýär. Aslyýetinde, biz hatda özbaşymyza iman hem edip bilmeýäris we Hudaýa hiç zady hem berip bilmeýäris. Biz hemme zatda, hatda iman meselesinde-de Oňa bil baglamalydyrys. Biz imany Onuň beren gymmat bahaly sowgady hökmünde kabul edenimizde, günäniň üstünden ýeňiş gazanýarys we ähli synaglaryň içinden abraý bilen geçeris. Eger diňe özümiziň ejizjek imanymyza bil baglasak, onda beýle etmeklik biziň güýjümiz ýeterden agyr gelerdi. Iman bizi ejirlerden azat etmeýär, ýöne ol ezýetleriň içinde ýeňmeklige güýç berýär.
Mesihileri yzarlaýan ýurtdan bolan bir ýygnak ýolbaşçysy şeýle diýýär: «Biziň durmuşymyzy bug gazanyndaky durmuşa meňzetse bolar. Berk durmak üçin biz ýokary basyş astynda buga döz getirilen imanly bolmalydyrys. Biziň ýaşlarymyzyň Mesihi kabul etmeginiň sebäbi, Isanyň gowy durmuşy wada berýändigi üçin däldir, Oňa iman etmäniň “moda bolandygy” üçin hem däldir. Olar Isa üçin öleniňe degýändigine düşünýärler. Olaryň Isanyň şägirdi bolmagynyň soňunyň şunuň ýaly kysmata alyp barmagy gaty mümkin».
Şu gollanmada biz yzarlama işlerini we yzarlamanyň netijelerini — ejir çekme bilen gaýgyny derňäris. Şu yzarlamalaryň üsti bilen şeýtan bizde çykgynsyzlyk duýgusyny döretmek, şeýdibem, gorkuzyp, ahyrsoňunda-da bizi ýykmak isleýär. Biz şeýtanyň ýalanynyň üstüni açyp, Özüne bolan imanymyzy — adam ruhy üçin özboluşly kislorody nädip saklamalydygyny Hudaýyň öwredýändigini görkezeris.
1980 — nji ýyllarda «Açyk gapylar» guramasynyň bir işgäri Wýetnamdaky bir ruhy çopanyň ýanyna barypdyr. Ol ruhy çopan çalt depginde ösýän öý ýygnanyşygynyň baştutany bolupdyr. «Açyk gapylar» guramasynyň işgäri bu ruhy çopana ýerli häkimýetiň özüni türmä basjakdygyny aýdyp haýbat atýandygyny bilýän eken. Ruhy çopan biziň işgärimize: «Iru-giç şonuň ýaly boljagyny men bilýärin. Özümiň türmä basylaýmagymyň mümkindigini aýdyp, men öz adamlarymy muňa taýýarladym. Özümem muňa taýýar» diýip gürrüň berýär.
Ruhy çopanyň bu jogabynda üç nukdaý-nazary görmek bolýar:
• Intellektual: «…şonuň ýaly boljagyny men bilýärin».
• Praktiki: «Özümiň türmä basylaýmalydygymyň mümkindigini aýdyp, men adamlarymy muňa taýýarladym».
• Ruhy: «Özümem muňa taýýar».
Biz öz gollanmamyzda dini yzarlanma şertlerindäki mesihiler durmuşynyň üç nukdaý-nazaryny öwrenmäge synanyşarys. Kitabyň: haç, Ýygnak, gapma-garşylyklar, aman galma mümkinçilikleri we resurslary, ruhy ýeňşe taýýarlyk, ýeňiş ýaly esasy düşünjeleri hem üç — intellektual, ruhy we praktiki nukdaý-nazardan derňeler.
Goşundyda seminarlary geçirmek üçin teklipler, adalatly uruş taglymatyny we sapaklary ara alyp maslahatlaşmalar berlendir. Biz olary demir tuty syrylandan soň, öňki sosialistik ýurtlardaky mesihileriň durmuşyndan aldyk. Gollanma okuwçylar üçin iş depderi hem goşmaça berildi. Ýene-de bir teklip: 1-nji baby öwrenmäge başlamazyňyzdan öňürti, Işaýa pygamberiň kitabynyň 52–53-nji baplaryny okaň.
I-NJI BÖLÜM
Haç
1-nji bap
BIZIŇ ÝEKE-TÄK HALASGÄRIMIZ
Ýewreýler 13:8
Nasyraly Isanyň üç häsiýeti Onuň şahsyýetiniň ýeke-täkdigini tassyklaýar:
1. Isa Mesih — taryhyň, Mukaddes Kitabyň we Ýygnagyň merkezidir!
Şu wagta çenli ýer ýüzünde ýaşan ynsanlaryň arasyndaky iň beýik bolan şahsyýet Isa, ine, şunuň ýalydyr. Onuň ady beýleki atlaryň hemmesinden-de ýokarydyr. Ol Hudaý bolsa-da, ynsan bedenine girip, biziň aramyzda ýaşady. Ol doly manysynda Adamdyr we doly manysynda Hudaýdyr! (Filipililer 2:6–11 seret).
2. Isa Mesih bütin siwilizasiýanyň merkezidir.
Ol — biziň ruhy taglymatlarymyzy öz daşyndan aýlandyrýan özendir. Ol — bakyýetiň wagt bilen kesişýän nokadydyr. Ol — asyrlardan-da öň bar bolup, hemme zady Ýaradandyr (Koloseliler 1:15–17 seret).
3. Isa Mesih — Hudaýyň doly açylyşydyr.
Ol — doly manysynda Sözdür hem-de bedene giren Hudaýdyr. Ol — Hudaýyň güýç-kuwwata beslenen Ogludyr we adamzady söýýän Halasgärdir (Ýahýa 1:1–18 seret). Ol — gaýtalanmajak Göreldedir, hemme zada ýolbaşçylyk edýän Mugallymdyr, mähirli Hökümdardyr we paýhasly Nesihatçydyr, duýgudaş Göwünlik Berijidir we hemme zada güýji ýetýän Lukmandyr, ygtybarly Halasgärdir we doly hukukly Satyn Alyjydyr, ýakyn hem wepaly Dostdur, biziň Mukaddesimizdir hem rehimdar Rebdir. Ol — köneäht wezipeleriniň üçüsiniň hem, ýagny Pygamber, Ruhany we Patyşa wezipelerini ýerine ýetirijidir (Ýewreýler 10:19–23; Ylham 7:14).
Bir belli bolmadyk ýazar özüniň Isanyň durmuşynyň ähmiýeti baradaky işiniň ahyrynda şeýle diýýär: «Ýer ýüzündäki şu wagta çenli nyzama durup ädim äden goşunlaryň hemmesi, şu wagta çenli okean giňişliklerinde ýol-ýol yz galdyran flotlaryň hemmesi, ýer ýüzünde şu wagta çenli hökümdarlyk süren patyşalaryň hemmesi, şu wagta çenli bar bolan häkimiýetleriň hemmesi bilelikde bolup hem adam durmuşyna ýekeje şahsyýetiň täsir edişi ýaly täsirini ýetirip bilmedi!»
Şeýlelikde, Isa — şalaryň Şasy, rebleriň Rebbidir! Isa hakyky Patyşa bolsa-da, ýere Öz derejesiniň beýikliginden lezzet almaga däl-de, adamlara hyzmat etmäge geldi. Ol garyp-gasarlaryň arasynda doguldy. Bütin ömrüni-de garyplara hem- de ret edilen adamlara bagyş etdi. Ol — Patyşa, emma şonda-da, Hudaýy şöhratlandyrmak we şeýtanyň üstünden ýeňiş gazanmak üçin adamlaryň elinden ejir çekip, haç üstündäki masgaraçylykly ölümi datmaga geldi.
Isa dogulmazyndan alty ýüz ýyl öň, pygamber Gyzdan doguljak üýtgeşik Bäbegiň peýda boljakdygyny, Oňa Emmanuel adynyň dakyljakdygyny, bu sözüň hem «Hudaý biziň bilen» diýen manyny aňladýandygyny öňünden aýdyp geçdi (Işaýa 7:14 seret). Pygamber öz weliliginiň üstüni Onuň: «Gudratly, Maslahatçy, berk Hudaý, bakylygyň Atasy, dünýäniň Kazysy» ýaly düýbünden üýtgeşik derejeleriniň sanawy bilen ýetirýär (Işaýa 9:6). Pygamber ejir çekýän Isanyň portretini has-da takyk çekipdir.
Isa patyşalyk etmedi-de, gulluk etdi. Mukaddes Kitap hem bize Isanyň portretini gulçulyk kysmaty Işaýa pygamber tarapyndan welilik edilen ejir çekiji hyzmatkär hökmünde takyk berýär. Onuň gullugyndaky ezýetleriň iň ýokary derejesi Golgotadaky haçyň jebirlerini çekmesi bolupdy. Geliň, ejir çekýän hyzmatkäriň Mukaddes Kitap mowzugyna tertip boýunça seredeliň.
1. Isa bize gulluk etmäniň göreldesini görkezdi.
Isa Patyşa bolsa-da, doly ygtyýara eýe bolup, doly hukukly bolsa-da, bu dünýä Özüne hyzmat edilmegi üçin gelmändigini Özi aýtdy. Tersine, ol gul bolmak üçin geldi (Filipililer 2:7 seret). Ol Özüniň taglymatynda adaty bolmadyk zatlary aýdyp, ölmek — diýmek ýaşamakdyr, ýitirmek — diýmek gazanmakdyr, hyzmatkär hökmünde gulluk etmek — diýmek hökümdarlyk etmekdir diýdi.
2. Isanyň Mukaddes Kitap ýazyjysy tarapyndan döredilen iň hakyky we takyk portreti ejir çekýän hyzmatkäriň keşbi bolup durýandyr.
Bu haça çüýlenen Isadyr. Işaýa Onuň haça çüýlenjekdigini Isa dünýä gelmezinden alty ýüz ýyl öň aýdyp geçdi.
3. Işaýa Isa Mesihiň ejir çekýän guluň rolunda boljagyny öňünden aýtdy.
Biz Işaýanyň weliliginde «guluň aýdymynyň» dördüsiniň bardygyny görýäris. Olaryň has meşhury, ýagny kulminasiony — dördünji aýdymdyr. Bu aýdymdaky her bir jümle, her bir söz aýratyn ünsi talap edýär. Beýleki aýdymlarda-da bolşy ýaly, bu aýdymda hem poetik parallelizm ulanylypdyr. Şonuň üçin ony her gezek okanymyzda, gitdigiçe köp açyşlary alýarys. Aýdymy üç aýatdan bölüp, bäş parça etmek bolar:
Bu aýdymdaky üýtgeşik hyzmatkäriň aýratynlygy Onuň ejirler içinde berjaý eden halas etme işidir diýilýär. Aýdymyň esasy pikirlerine üns beriň:
• ol Guly şöhratlandyrmak bilen başlanýar we gutarýar (birinji we bäşinji parçalar);
• aýdymyň berýän gürrüňiniň merkezinde Guluň ret edilişi baradaky taryh bar (ikinji we dördünji parçalar);
• merkezi (üçünji) parçada ezýetleriň halas ediji ähmiýeti düşündirilýär: «Ol biziň günälerimiz zerarly jezalandyryldy we etmişlerimiz zerarly gynanyldy; dünýäniň jezalary Onuň üstüne ýüklenildi. Bizem Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk»
Isa Mesihi hem Onuň Golgota haçyndaky satyn alyjy gurbanlygyny suratlandyranlarynda Täze Ähtiň ýazarlary göni ýa-da göni däl ýol bilen şu aýdyma ýüzlenýärler.
Haçyny alyp, biziň hemmämiz üçin ölmek bilen Isanyň Özüni kiçeldendigini resul Pawlus aýdýar. Şondan soň Ol beýige galdyryldy hem Oňa hemme atlardan beýik at berildi. Isanyň adynyň öňünde hemme dyzlar hem epiler, hemme diller hem Onuň Rebdigini ykrar eder (Filipililer 2:6–11 seret)!
Biz Halasgärimiziň eden işleriniň syrly beýikligini diňe çalaja göz öňüne getirip bileris. Biz Oňa ynanýarys hem-de öz günälerimiz üçin Onuň doly töleg töländigine ynanyp şatlanýarys. Isanyň çeken beýan edip bolmajak ejirleri biziň üçin beýan edip bolmajak şatlyga tarap ýol açdy.
4. Şeýdip, biz ýeňşiň syry hemişe haçda gizlenýändir diýen netijä gelip bileris.
Hudaýyň ýoly şeýle: Resul Ýahýanyň Ylhamynda berilýän gürrüňden görşümiz ýaly, damagy çalnan Guzy tagtda oturdylypdyr (Ylham 5:6; 17:14; 19:7–10). Edil şunuň ýaly, biziň ruhdaky hakyky ýeňşimiz durmuşymyzdaky haçyň alamaty bolar.
Işaýanyň pygamberliginden alnan aýdym gönüden-göni ejir çekýän hyzmatkäri, ýagny Isany göz öňünde tutýan bolsa-da, bu parçadan Hudaýyň islegine boýun bolma, ýagny islendik ýagdaýda-da öz haçyňy almaklygyň Isanyň şägirtleriniň ulanýan täri bolup durýandygy görnüp dur.
Resul Pawlus haç barada ýygy-ýygydan, ylaýta-da, Galatýalylara hatda köp gürrüň berýär. Ol ilki başda akla sygmajak zady aýdyp: «Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin» (Galatýalylar 2:20) diýýär. Soň ol hatyň soňragynda: «Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat bilen magtanmaýaryn. Ol haç arkaly dünýä maňa haça çüýlenendir, men hem dünýä haça çüýlenendirin» (Galatýalylar 6:14) diýýär.
Bu ýerde haça çüýlenmäniň üç görnüşi barada gürrüň berilýär. Ilki bilen biziň gutulyşymyzyň esasy bolan Isanyň haça çüýlenmesi göz öňünde tutulýar. Hut Mesihiň haçdaky gurbanlykly ölümi biziň satyn alynmamyzy üpjün etdi. Soň dünýäniň haça çüýlenmesi barada aýdylýar. Biz dünýäniň lezzetinden, hormatyndan we baýlygyndan, şeýle hem, ak patany dolulygyna almaga özümize päsgel berýän zatlaryň hemmesinden ýüz öwürmelidiris. Soň biz imanly, halas bolan adamlar hökmünde, çüýrän dünýäniň azdyryjy zatlary bizi mundan beýläk özüne çekmez ýaly, her gün özümizi haça çüýlemelidiris.
Korintoslylara ikinji hatda (1:9) Pawlus ölüm jezasynyň özi üçin ölümi ýeňip geçme usuly bolandygy barada gürrüň berýär. Hudaýa elimizde bar zatlaryň hemmesini — geljegimizi, söýýän adamlarymyzy, hatda öz janymyzy hem beren ýagdaýymyzda biz ruhy azatlygy gazanyp bileris.
Lukanyň Hoş Habarynda (9:23–25) esasy basyşy pida däl-de, hakykata eltmelidigi ýazylypdyr. Bu tabşyrygy diňe mesihiler ýerine ýetirip biler. Näme üçin? Sebäbi Hudaý bizi haça çüýlenmäniň üsti bilen ölümden direlişe çagyrýar.
Hoş Habary yglan etmäniň başlangyç maksady — Isanyň Öz perzentlerine eden özüni pida edijilikli gullugy bilen Onuň çeken jebriniň (haçyň) we ölümden direlmesiniň (gutulyşyň) arasyndaky çuň baglanyşygy mesihileriň aňyna ýetirmekden ybaratdyr. Gullugyň hem, ölümden direlmäniň hem esasynda ejir çekmäniň ýatandygyny bellemek hem-de subut etmek diýseň wajypdyr.
1. Ejir çekme — Hoş Habaryň merkesi mowzugydyr. Haça çüýlenmesiz ölümden direlme hem bolup bilmez.
Hoş Habaryň ideýasy diňe bir Isa Mesihiň hakyky gulluk etmäniň we ejir çekmäniň göreldesini ilkinji bolup görkezendiginde däl-de, Onuň baky ýaşaýşa ilkinji bolup ölümden direlme arkaly ýol açandygyndadyr.
Isa Mesihiň ölümden direlmesi ejir çekýän guluň obrazynyň hemme manysyna düşünmäge bize kömek edýär. «Ol bu ýerde däl, Özüniň aýdyşy ýaly, direldi» (Matta 28:6). Isa Özüniň ejir çekjegini öňünden aýdyşy ýaly, ölümden direljegini-de, şeýtanyň, günä näletiniň, hatda ölümiň hem üstünden ýeňiş gazanjakdygyny-da öňünden aýtdy.
2. Reb ölümden direlmäni biz bilen siziň üçin hem elýeter etdi. Ýöne ölümden direlme diňe haçdan soň gelýär.
Haça çüýlenen we ölümden direlen Isa Mesih Öz haçyny alyp ýördi. Biziň haçlarymyzyň hemmesi-de öz başlangyjyny Onuň haçyndan alýar.
Resul Pawlus Korintoslylara birinji hatynda (15:19) biziň ýaşaýşymyz barada ölümden direlmäniň kontekstinde gürrüň berýär. Eger ölümden direlme hiç haçan bolmadyk bolsa, onda biziň ýer ýüzündäki iň bagtygara adamlar boljakdygymyzy aýdýar. Näme üçin? Sebäbi diňe biz özümizi ölümden direlen Rebbe iman edenleriň kyn ýagdaýyna salýarys. Diňe biz Mesihiň hatyrasyna bu dünýäniň özümize teklip edýän lezzetlerinden ýüz öwürýäris.
Biziň köpimiziň Pawlus bilen ylalaşmazlygymyz mümkin, sebäbi biziň ýaşaýşymyz hemişe Mesihiň ölümden direlme ideýasy bilen kesgitlenip duranok. Hatda ölümden direlme bolman ýagdaýynda-da, biz barybir doly abadan durmuşda ýaşap bilerdik. Biz Mesihiň hatyrasyna özümizi kyn ýagdaýlara duçar etmezdik. Emma biziň gutarnykly azatlygymyz hut şunda hem jemlenendir. Biz şol azatlygy özümizi ret edip, haçymyzy alyp, Mesihiň yzyna düşenimizde gazandyk.
Isa Özüniň ölümden direlme güýjüni bize, Öz yzyna eýerijilere geçirme işini Pentikost (Ellinji) gününde Mukaddes Ruhy ibermek bilen ýerine ýetirdi (Resularyň işleri 2:1–41). Ozalky gorkaklygy bilen belli bolan şägirtler indi Mukaddes Ruhdan dolup, ruhy güýç hem ygtyýar bilen gurşalan adamlar boldy.
Isanyň ölümine şärik bolmak bilen biz Onuň teniniň «öýjügi» bolýarys (Efesliler 1:22–23 seret). Isa bizde Özüniň Mukaddes Ruhy bilen şöhle saçýar. Martin Lýuter şeýle diýýär: «Men özüm bilen Isa Mesih barada bir şahsyýet hökmünde pikir edýärkäm, ýeňiji mesihiligime galýaryn…»
Işaýa pygamberiň kitabynyň 54-nji baby, elbetde, 53-nji babyň dördünji aýdymynyň yz ýanyndan gelýär. Onuň mazmuny Mesihiň çeken jebirleri bilen geň galdyryjy ýagdaýda deň gelýär.
1. Işaýa pygamberiň kitabynyň 54-nji babynda ölümden direlmäniň welilik edilmesi
Önelgesiz, çaga dogurmadyk aýal şatlan; gygyryp heşelle kak, sebäbi: «taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyň çagalaryndan köpdür» diýip, Reb aýdýar (Işaýa 54:1).
Resul Pawlus bu aýady täzeäht döwründäki Ýygnagy göz öňünde tutup, Galatýalylara hatda ulanýar (Galatýalylar 4:25–27). Bu aýat haçdan we direlişden soňky dünýä Hoş Habaryň dabaraly girişiniň alamaty bolup durýar.
«Işaýa pygamberiň kitabynyň 53-nji babyndaky ejir çekýän guluň obrazynyň doly manysyna diňe Isanyň haça çüýlenmesine akyl ýetirenden soň düşünmek mümkindir. Bu edil 54-nji bapdaky hasyly ýygnama möwsüminiň manysyna Pentikost gününde Ýygnagyň döreýşine düşünenden soň akyl ýetirilişine meňzeşdir. Şatlyk duýgusy bilen birmeňzeş bolan ruhy hasyl — bu Hoş Habar wadasydyr. Şol wada laýyklykda Hoş Habaryň wagyz edilmegi arkaly Mesihiň bütindünýä Ýygnagy ýygnalar» (Patrik Jonston).
2. Isa Özüniň göge alynmazynyň öň ýanyndaky tabşyrygynda Hoş Habary bütin dünýä wagyz etmekligi şägirtlerine buýruk berdi.
Bu tabşyryk barada dört nusgawy resminama gürrüň berýär, ýöne Mattanyň Hoş Habary bu babatda has giňden gürrüň edýär (Matta 28:18–20). Reb dünýä gitmegi buýruk berip, Öz buýrugyny: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi» diýen sözler bilen berkidýär.
Isanyň gökde ähli ygtyýara eýedigini hemme-de bilýär, ýöne Reb Özüniň Hoş Habary yglan etmek üçin ýeriň dört künjüne iberen şägirtleriniň uly bolmadyk toparyna ýerde-de ähli ygtyýara eýediklerini habar berýär. Onuň taglymatynyň düýp özeni hut şunda — Onuň Atasyndan alan ygtyýarynda jemlenendir.
Golland ylahyýetşynasy Abraham Kaýper bu barada şeýle diýýär: «Ýaradylan dünýäniň ýeke garyş ýerinde-de, Isa Mesihiň: “Bu Meniňki!” diýmejek zady ýokdur».
Andreý dogan bolsa: «Özüniň hemme ýerde ygtyýarynyň bardygyny aýtmak bilen Isa biziň üçin uruş meýdanyny kesgitledi hem-de ruhy gapma-garşylykdaky maksadymyzy takyklady. Ol Öz şägirtlerini şeýtanyň her hili — medeni, dil, hatda döwlet dogrusyndaky päsgelçilikleri ulanyp, günäniň kömegi bilen ýesirlikde saklap oturan adamlarynyň berilmegini talap etmek üçin duşmanyň territoriýasyna iberdi» diýýär.
Dünýäniň ähli halklarynyň ýanyna gidip, olary Hudaýyň ýanyna getirmäge buýruk berende, Isa olara — bize-de göwünlik berip: «Men dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:20) diýen sözleri aýtdy.
Ýokarda aýdylanlaryň hemmesini hasaba alyp, biz indi resul Pawlusyň: «Ölümde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikliginiň nähilidigini bilmek, garaz, ölümden direlişe ýetmek isleýärin» (Filipililer 3:10–11) diýip, çyn ýürekden çykýan sözler bilen beýan edýän arzuwyna geň galmaýarys.
Bütin dünýädäki yzarlanylýan Ýygnagyň agzalary Isanyň haçynyň hakyky manysyna bireýýäm düşündiler. Öz imany üçin türmede ýigrimi iki ýyllap oturan hytaýly ruhy çopan Allen Ýuan gören görgüleri barada köp gürrüň berýär. Her gezekde-de ol öz gürrüňini: «Ýöne bu zatlar haç bilen deňeşdireniňde hiç zat hem däldir» diýip jemleýär.
Iň meşhur hem köpleriň gowy görýän hytaýly ruhy çopany Uoçman Ni 1970-nji ýyllaryň başlarynda jebir çekip gurban boldy. Onuň işdeşleriniň biri öňräk şeýle gürrüň berdi: «Biz özümizi “mesihi” — Mesihiň yzyna eýerijiler diýip atlandyrýarys. Şonuň üçin hem özümiziň haýsy ýoldan gitmelidigimizi bilmelidiris. Mesih haçyň ýolundan ýöredi. Biz hem şol ýoldan ýöremäge taýýar bolmalydyrys».
Ynsanperwerlik guramasynyň bir gullukçysy Günorta Sudanda ýaşaýan mesihileriň mätäçliklerini görende ýüregi dilim-dilim bolýar. Ol käbir oba çagalarynyň eginlerinde hiç hili eşigiň hem ýokdugyny, diňe boýunlarynda süňkden ýonulyp ýasalan haçyň asylgy durandygyny aýdyp ýatlaýar. Ol horjajyk çagalaryň birini yşarat bilen ýanyna çagyryp, onuň boýnunda asylyp duran haçy görkezýär. Gyzjagaz uludan ýylgyryp, boýnundaky haçy çykarýar-da, ony gullukça gowşurýar.
Bu ýagdaýlary derňände, hoş habarçy şeýle diýýär: «Bu hereket Sudandaky jebir çekýän Ýygnagyň ýagdaýyny alamatlandyrýar. Sudanlylarda düýbünden hiç zady bolmasa-da, Isa Mesihiň haçy bar. Olar, hatda ölüme alyp barýan bolsa-da, Mesihiň ýolundan ýöremäge taýýardyrlar».
Hindi hoş habarçysy bolan Sadhu Sundar Singh öz gündeligine: «Mesih ugrunda ölmeklik aňsat, ýöne Onuň üçin ýaşamak kyn. Ölüm jebirleri bir ýa-da iki sagada çekip biler, emma Mesih üçin ýaşamaklyk welin, her gün ölmekdir» diýip ýazypdyr.
Otuz iki ýaşly bir ruhy çopan Ýokarky Müsürde işleýär. Bu sebitde mesihiler zalym yzarlanmalara sezewar edilýärler. Ruhy çopan kömek beriş, medisina klinikasy, sowatsyzlyga garşy göreş Merkezine ýolbaşçylyk edýär hem-de tussag edilenleriň maşgalalaryna goldaw berýär. Musulman ekstremistleri ony iki gezek ýençýärler, öç aljakdyklaryny aýdyp her gün haýbat atýarlar. Ol olaryň özüni öldürmek isleýändiklerini bilýär, ýöne şonda-da, haçyny göterip gitmesini dowam etdirýär.
Müsürli başga bir ruhy çopan ýygnanyşygyna gelýän bir aýalyň gözýaşyny döküp, öz ýanyna maslahat sorap gelşini gürrüň berýär. Iş ýerinde ol ýaş hünärmenleri taýýarlama bilen meşgullanýar. Soň şol ýaş hünärmenleri ýolbaşçy wezipelere çekýärler. Emma mesihi bolandygy üçin diňe şol aýaly çekmeýärler. Ruhy çopan: «Biz bu ýerde, Müsürde bu haçy götermäge mejbur bolýarys» diýen netijä gelýär.
Bu mysallaryň manysy biziň öz maksadymyza gulluk edip, şahsy islegimizi ýerine ýetirmän, eýsem durmuşymyzy Hudaýyň maksady bilen utgaşdyryp, diňe Onuň islegine boýun bolmagy öwrenýändigimize syrygýar.
Biziň habarçylarymyz ruhy çopan Lambyň Gançjoudaky (Hytaý) öý ýygnanyşygyna baryp görýärler. Olar ol ýerde onuň ýigrimi dört ýaşly kömekçisi bilen tanyşýarlar (bar bolan maglumatlara görä, Hytaýdaky ýygnanyşyk ýolbaşçylarynyň ýetmiş göterimi aýallar bolup durýar). Olar tizara Lambda resmi iş ýeriniň ýokdugyny bilýärler. Hytaýyň hemme ýaşaýjylary öz iş ýerlerinde hasaba alnan bolmalydyr. Şunuň ýaly hasaba alynma resminamasyny hatda käbir dükanlarda hem talap edýärler. Ondan hemme wagtyny öý ýygnanyşygyna bagyş edip, resmi işsiz bolmanyň töwekgelçilikli iş dälmidigini soranlarynda: «Haçyň ýoly şeýle» diýip jogap berýär.
Biz Kubada öz guramamyzdan ispan dilindäki Mukaddes Kitabyň köp mukdaryny alan bir ruhy çopandan: «Biziň bilen hyzmatdaşlyk edip, siz töwekgelçilik edýärsiňiz, şeýle dälmi?» diýip soradyk. Ol elini ýüreginiň üstüne goýup: «Men töwekgelçilik edýärinmi? Nähili töwekgelçilik? Men Reb Isa Mesihi öz Halasgärim hökmünde yglan edip, ýygnak gullukçysy bolanymda töwekgelçilik etdim. Eger olar meni atmak isleýän bolsalar, bu has gowy bolardy. Men tizräk Hudaýyň şöhratyna şärik bolardym» diýdi.
Kakasy bäş ýyllap syýasy («ýykgynçylykly») işi üçin türmede oturan başga bir kubaly metodistik ruhy çopan öz kakasynyň maşgalasyny Maýamä (ABŞ-a) göçürmegi arzuw edendigini gürrüň berýär. Ýöne ruhy çopan Kubadaky durmuşy özüniň götermeli bolan haçy diýen netijä gelýär. Bu gelnen netijäniň özüne gaty gymmat düşjegini aýdyp, kakasy ogluna duýdurýar. Dogrudanam, geljekki ruhy çopanyň seminariýadaky okuwy birden kesilýär duruberýär. Ony zähmet lagerine goýberýärler. Ol şol ýerde düzelmejek jenaýatçylaryň arasynda öz möhletini geçirmeli bolýar. Ol we ýene-de ýedi sany mesihi dileg etmek we Mukaddes Kitap okamak hem-de biri-birini goldamak üçin gijelerine şeker çigrigi ekilen meýdanda ogrynça duşuşýarlar. Bu adam: «Men seminariýada däl-de, lagerde ruhy çopan boldum» diýip gürrüň berýär.
Meşhur ylahyýetşynas Tomas Oden 1994-nji ýylyň başlarynda Kuba baryp görýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýurtda durmuş şertleriniň gowulaşandygyna garamazdan, Kubada mesihi bolmaklyk öňküsi ýaly, töwekgelçilikli bolmagyna galýar. Ol ýerde özüňi howp astyna salmazdan şaýatlyk etmeklik mümkin däl. Şonuň üçin kubalylaryň aglabasy sözüň göni manysynda ejir çeken mesihi bolmaklyga taýýar. Her bir suwa çümdürilme, hatda her gezekki ýygnanyşyk hem iň pajygaly netijelere taýýar bolmaklygy talap edýär. Munuň ýaly ýagdaý Ýygnaga özüniň baş wezipesine düşünmegine ýardam edýär. Kubaly mesihiler bolsa, ilkinji nobatda, jogapkärçiligi diňe özleriniň ölümden direlen Rebbiniň öňünde çekýändikleri baradaky pikire uýgunlaşýarlar».
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Ejir çekýän guluň aýdymyna esaslanyp, siz Isanyň ölüminiň we ölümden direlmesiniň ähmiýetini nähili düşündirýärsiňiz?
2. Ejir çekýän guluň aýdymy haýsy sözleriň kömegi bilen size Hudaýyň bagyşlamasyna we söýgüsine bolan ynamy berýär?
3. a) Özüňi ret etmeklik, b) her gün haçyňy götermek, g) Isanyň yzyna düşmek siziň üçin nämäni aňladýar? (Luka 9:23 seret).
4. Biz nädip Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmasyndan hemişe doly bolup bileris?
5. Mesihiň ygtyýary we Onuň özümiz bilen bile bolmaga beren wadasy diýenedijiligimize hem-de Onuň soňky Tabşyrygyny ýerine ýetirişimize täsirini nädip ýetirýär?
Okaň we ýatda saklaň:
Isa Mesih dünýädäki şu wagta çenli bar bolan şahsyýetleriň iň beýigidir.
Ol Hudaýyň Ogludyr.
Ol rehim edýär hem-de halas edýär.
Ol goraýar we ugrukdyrýar.
Ol synaga düşenlere we synaga salynýanlara kömek edýär.
Ol ejizlere güýç berýär.
Ol syrkawlara şypa berýär.
Ol ezilýänleri goraýar.
Ol ýaşlara ak pata berýär.
Ol garrylaryň üstünde perwana bolýar.
Ol yhlaslylary sylaglaýar.
Ol kiçigöwünlileri goldaýar.
Ol akyldarlyk guýusydyr.
Ol halas bolma ýoludyr.
Ol dogrulyk we mukaddeslik ýoludyr.
Teklip:
Indiki iki baby okamazdan ozal Petrusyň birinji hatyna ýüzleniň.
2-nji bap
BIZIŇ AJAÝYP ÇAGYRLYŞYMYZ
1 Petrus 2:21
Sowuk uruş döwründe Leningraddaky öňki diniň taryhy we ateizm Muzeýine gelen adamlar ol ýere giren batlaryna dünýäniň ewolýusion ösüşine şaýatlyk edýän sergä duş gelýärler. Ondan soň dine bagyşlanan bölekler gidýärdi. Bu böleklerde mesihiligiň diňe erbet taraplary, mysal üçin, inkwizisiýa we haçly ýörişler baradaky gürrüňler berilýärdi. (Inkwizisiýa — XIII asyrda ybadathana taglymatlaryna garşy göreşen ýeretikleriň garşysyna göreşmek üçin katolik ybadathanalarynda döredilen derňew we jezalandyrma guramasy).
Muzeýde synlamak üçin goýlan zatlaryň edil merkezinde äpet haça çüýlenme asylyp goýlandy. Muzeý ýolbeletleri bu «eksponaty» şeýle düşündirýär: «Mesihiler jepa çekmegi gowy görýärler. Öz baştutanlary bolan Isa Mesih haçda öleli bäri olarda yzarlama was-was keseli giňden ýaýrady!»
Biziň yzarlama was-was keselini özümizde giň ýaýratma niýetimiz ýok, ýöne özümiziň Rebbimiz hem-de Mugallymymyz bolan Isa Mesihiň yzy bilen gitmelidigimizi Mukaddes Kitap bize, mesihilere ýatladýar. Ol Özüniň iň ýakyn şägirtlerine (Ýahýa 15–17-ä seret) şahanyň agaçda galyşy ýaly, olaryň hem Özünde galmagynyň gerekdigini düşündirdi (Ýahýa 15:5-e seret). Soň Isa Özüniň olary söýşi we olar üçin janyny orta goýmaga taýýar bolşy ýaly, olaryň hem biri-birini söýmelidigini şägirtlerine ýatlatdy. Şol wagt olar Onuň sözlerine düşünmediler. Emma Onuň aýdan sözleri şol günüň ertesi ýerine ýetdi. Soň Ol mesihileriň doganlyk söýgüsini dünýäniň ýigrenji bilen deňeşdirdi:
Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň… …çünki olar Meni Ibereni tanamaýarlar (Ýahýa 15:18–21).
Şu gürrüňdeşligiň birneme ahyrragynda: «…hawa, sizi öldüren her kesiň şunuň bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler» (Ýahýa 16:2) diýdi. Isa şägirtleriniň hem edil Özi ýaly jebir çekjekdiklerini şeýdip düşündirdi.
Her kimem durmuşda hiç bolmanda bir gezek jepalaryň içinden geçmeli bolýar. Munuň keselçilik, ejizlik ýa-da ýakynlarynyň ölümi, dostlarynyň dönüklik etmegi ýa-da ýöne bir ýalňyzlyk görnüşinde bolan fiziki jebir bolmagy-da mümkin. Ol nähili jebir bolanda-da, biziň hemmämizem elimizden gelenini edip, jebirlerden gaçmaga çalyşýarys.
Belki, hut şu sebäpli mesihileriň şu mowzukda gürrüň etmezlige çalyşýan bolmagy mümkin. Bolmasa Mukaddes Kitap mesihileriň durmuşynda ejirleriň boljakdygyny örän düşnükli aýdýar. Käbir mesihiler, eger biz Mesihe degişli bolsak, onda Ol bizi her hili erbetlikden we ähli ejirlerden gutarar diýip pikir edýärler.
Aslynda, hemme adamlaryň paýyna düşýän ejirlerinden mesihileriň hem goragly däldigi, munuň üstesine-de, olaryň Mesihe bolan imany sebäpli yzarlanma duçar boljakdyklary Mukaddes Kitapda aýdyň aýdylandyr. Petrusyň birinji haty şu babatdaky iň wajyp gymmatlyk bolup durýandyr. Bu sapakda biz Ýazgynyň beýleki parçalaryna ýüzlenişimiz ýaly, Petrusyň birinji hatyna hem ýygy-ýygydan ýüzlenip durarys.
Geliň, pikirlenip göreliň, mesihiler dünýäde haýsy ýeri eýeleýärler. Bu dünýäniň hökümdary şeýtan. Biz bolsa, has gowy watana tarap ymtylýan jahankeşdeler we gelmişeklerdiris (Ýewreýler 11:8).
Biziň özümiz babatda «jahankeşde we gelmişek» manysyny ulanmagymyz peýdalydyr (1 Petrus 2:11). Häzirki günlerde dünýäde köp sanly syýasy gaçgaklar bar. Köp ýurtlarda olar üçin niýetlenen «lager» diýilýän zatlar bar. Gaşgaklar mesgen tutar ýaly ýer tapýançalar özleriniň öňki ýaşan ýerlerine gaýdyp baryp bilmeýärler. Olaryň häzirki ýagdaýy, düzgün boýunça, umumy kabul edilen standartlara görä, gynançly ýagdaý bolýar, ýöne olaryň özleri gowrak durmuşy gözleme kararyna gelipdiler. Olar gowy geljege umyt baglap ýaşaýarlar.
Mesihileriň ýagdaýy köp zatda gaçgaklaryň ýagdaýyna kybapdaşdyr. Adam günä dünýäsini terk edýär-de, öňki ýaşaýşyndan ýüz öwrüp, gökdäki Patyşalygyň gözlegine ýola düşýär. Şonuň üçin yzda, öňki dünýäde galdyrylan adamlaryň şol adamdan ýüz öwürjekdigine geň galyp oturasy iş ýokdur. Sebäbi ol adam Isa Mesihiň şöhrat içinde geljegine umyt baglap ýaşaýar.
Eger mesihi özüniň täze derejesini dünýäniň ýigrenjekdigi barada Isanyň beren duýduryşyna gulak asmasa, onda kynçylyklar gelen wagty onuň öz imanyndan göwni geçmegi mümkin. Şonda şeýtan hem onuň iň soňkuja güýjüni-de elinden alar. Timoteosa ikinji hatda (3:12), ine, näme diýilýär:
Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker.
Azar çekmäniň birnäçe görnüşi bar. Azar bermeler köplenç psihologik (göwne degme, basyş etme, raýatlyk hukuklaryny kemsitme) görnüşinde bolýar. Olaryň haýbat atma, gorkuzma, mäterial mahrum etme, hatda çynlakaý fiziki zorluk ulanma görnüşinde bolýan wagty-da az bolmaýar.
Lukanyň Hoş Habarynda (Luka 6:22) Isa azar berme düşünjesine ýigrenjiň, kowulmanyň, masgara edilmäniň we ýüz öwrülmäniň girýändigi barada aýdýar.
Biz türmelere salnan, ýenjilen we repressiýa düzgünli ýurtlardaky gurban bolan mesihileri ýatdan çykarmaly däldiris. Şonuň üçin hem biz bu kitapda azar berilmäniň hut şu görnüşlerine serederis.
Azar bermeler we onuň bilen baglanyşykly bolan ezýetler baradaky mowzuga başlamazymyzdan ozal, käwagt bu soraga düşünmekde mesihileriň goýberýän käbir giň ýaýran ýalňyşlyklaryna seredip geçmek gerek.
1. Ezýetler — hemişe günä üçin berilýän jeza däldir.
Köp adamlar ejirler hemişe-de haýsydyr bir günäniň netijesi bolýandyr diýip çaklaýarlar. Şeýle etmek bilen olar ejir çekme, mukaddes bolsun ýa-da günäkär bolsun, her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegidigi baradaky fakty doly äsgermezlik edýärler. Emma şol bir wagtyň özünde-de Mukaddes Kitabyň adalatly almyt baradaky taglymaty hem diýseň hakykydyr, sebäbi adam ekenini orýandyr (Galatýalylar 6:7–8 seret), betbagtçylyk hem hakykatdan-da, günäniň gönüden-göni netijesi hökmünde gelip biler. Mundan başga-da, Hudaý Özünden daş düşen çagasyny ýene ýanyna gaýtaryp getirmek üçin oňa ezýet berilmegine ýol berýär (Ýewreýler 12:3–12).
Ýöne eger mesihi öz öňünde dogruçyl bolsa, onda ezýetleriň günäniň netijesidigini ýa-da onuň «Mesihdäki takwa durmuş» sebäpli gelendigini, bolmasa-da, ýöne bir bu dünýäde ýaşaýan adamyň tebigy ýagdaýydygyny biler. Eger mesihi öz görýän görgüsiniň sebäbiniň nämededigini bilýän bolsa, onda başga hiç kim muňa, elbetde, başgaça baha berip bilmez.
Eýýubyň kitabynda özüniň takwalygyna garamazdan ejir çeken adamyň klassiki mysaly görkezilipdir. Onuň dostlary hem bu ýagdaýa düýbünden nädogry baha berýärler. Başymyza her hili betbagtlyklar düşende, onuň eden günälerimiz üçin Hudaýyň beren jezasy däldigine ynamly bolsak, onda olary çekmeklik birneme ýeňilräk bolýar.
Ýahýanyň 1-nji hatynda (3:18–21): «Balalarym! Diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň. Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň. Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir. Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar» diýilýär. Mesihileriň gazanylmadyk ejirleri çekmäge çagyrylandygy barada Petrus hem diýseň düşnükli aýdýar (1 Petrus 2:19; 3:14).
2. Ejir çekýänlere gaýgylanmak hem hasrat çekmek bolýar.
Mesihileri hasrat gurşap alanda gaýgylanmak we gynanmak bolmaýar diýen pikirden biz ýüz öwürmelidiris. Mesihiler hemişe şatlykdan ýaňa öwşün atyp durmalydyr diýen pikir Mukaddes Kitaba esaslanýan däldir. Isa Öz dosty Lazar ölende aglady. Onuň şonda Lazaryň özi üçin däl-de, onuň uýalary Marfa bilen Merýemiň hasratyna ýüregi awan bolmagy hem mümkin (Ýahýa 11:33–35 seret). Pawlus «aglaýanlar bilen bile aglamalydygymyzy» (Rimliler 12:15) bize nygtap-nygtap buýruk berýär. Synagyň gaýgy getirýändigini Petrus boýun alýar (1 Petrus 1:6), ýöne edil şu ýerde-de, ol hasratlara garamazdan şatlanmaklyga mesihileri çagyrýar, sebäbi bu — Mesih ugrunda hasrat çekmeklik — ak pataly artykmaçlykdyr (1 Petrus 3:12–19). Şunuň ýaly içki şatlyk çekýän agyrymyzy hemişe ýeňledip bilýär diýip, biz pikir etmeli däldiris.
3. Diňe bir mukaddesleriň däl-de, adaty mesihileriň hem durmuşy ejirlerden doludyr.
Isanyň hatyrasyna ejir çekmeklik diňe «mukaddeslere» berlendir öýtmeklik nädogry pikirleriň ýene biri bolup durýandyr. Bu pikiriň imany zerarly ejir çekýän mesihileriň buýsanç duýgusynyň aklanmasy, imany zerarly entek ejir çekmäge çagyrylmadyklaryň bolsa, ruhy taýdan pese düşme duýgusyny oýarmasy bolmagy mümkin. Bir zada üns beriň, Hirodes Ýakup bilen Petrusy tussag edýär. Ýakubyň kellesini alýarlar, Petrus bolsa, diri galýar. Eýsem bu Ýakubyň ruhy taýdan ýokarrakdygyny aňladýarmy? Ýahýa öz ajalyna ölen ýeke-täk resuldy. Bu onuň ruhy taýdan pesdigini aňladýarmy? Hudaýyň her bir mesihi babatdaky islegi we niýetleri şol mesihini özüne niýetlenen düýbünden üýtgeşik ýolundan alyp gidýär. Mukaddes Ruh tarapyndan gönükdirilip, Hudaý bilen ýörenimizde, biz imandaky doganlarymyzyň arasynda her hili ykballysynyň bardygyny görýäris. Geliň, biziň her birimize üns berýändigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildireliň.
4. Hasratlarda özüne çeker ýaly hiç zat ýok.
Ýokarda agzalyp geçilen ýalňyşlyga meňzeş ýalňyşlyklaryň biri-de, hasratlary çendenaşa çişirip aýtmakda jemlenendir. Ejir çeken mesihini munuň ýaly nädogry hereketiň netijesinde ýokary galdyryp, mukaddes hasaplaýarlar. Emma biziň hemmämizem Hudaýyň işdeşleridiris. Biziň her birimiz Hudaýyň erkini ýerine ýetirmelidiris, bileje şatlanmalydyrys we «gahrymanlara sežde etmekden» gaça durmalydyrys.
Biz hasratlarymyzy çişirip görkezmeden gaça durmalydyrys. Edil şunuň ýaly öz başymyza ejir gözläp ýörmeli däldiris. Özümiziň gynalmagymyzy hiç bir ýagdaýda-da gözläp ýörmeli däldiris, ýöne özümiz üçin gynalmanyň wagty gelen bolsa, onda ondan gaçjak hem bolmaly däldiris.
5. Yzarlanmadan gorkmak gerek däl.
Şeýtana öz üstüne kalbyňy buza öwürýän gorky abandyrmaga rugsat bermek bilen, käbir mesihiler ýalňyşlyk goýberýärler. Bu yzarlanma meselesine ýeňilkellelik bilen garamalydygyny aňlatmaýar. Ýöne biz Onuň erki bilen öz paýymyza düşen zada çydamly bolmaga Özüniň ýeterlik derejede güýç berjekdigine ynanmalydyrys. Mesihiler köplenç yzarlanmanyň özünden däl-de, onuň öň ýanyndaky gorkudan ejir çekýärler. Şeýtan geçmişimiz üçin hasrat çekmäge, geljegimizi alada etmäge bizi mejbur etmäge çalyşýar, emma Mesih hemişe bize edil şol pursatyň özünde merhemet edýär.
Wýetmanly bir ruhy çopan hoş habarçylar bilen diýseň ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Hökümet başyna kommunistleriň gelmegi bilen onuň ýurtdan çykarylmagy karar edilýär. Özüniň ýurtdan çykmaly güni gelende, ol: «Men gidip biljek däl, sebäbi men öz halkyma gerek» diýýär. Aradan birnäçe gün geçenden soň ony ýurtdan çykarylmaly adamlaryň başga bir sanawyna goşýarlar. Emma ol bu gezek hem ýene: «Şu adamlary alyp gidiberiň. Olar aýalym ikimizden-de köp gorkýarlar» diýýär. Ertesi gün onuň ýurtdan çykmaly iň soňky günüdi, emma ol: «Biz gidip biljek däl. Goý, Hudaýyň islegi bolsun» diýýär. Ol ejir çekmeli boldy, ýöne ol öz Rebbine wepalylygyna galdy.
Irki Ýygnagyň atalarynyň biri bolan Tertullian şeýle diýipdir: «Ejir çekmekden gorkýan adam ejir çeken Kişä degişli bolup bilmez».
6. Ejir çekme ruhy ýeňlişiň alamaty däldir.
Köp mesihiler ejir çekmelere erbet hadysa sereden ýaly seredýärler. Olar şägirtligiň bahasyna garanda, ak patalar hem gülläp ösüş barada uly lezzet bilen gürleýärler. Olaryň ünsi mesihilige nädip gulluk edip bolýandygynda däl-de, ondan nähili «bähbitleri» alyp boljakdygynda jemlenendir.
Ýalan taglymatlaryň biri, eger ýeterlik derejede imanyňyz bar bolsa, onda siziň yzarlanmalardan we ejirlerden gaça durup biljekdigiňizi aýdýar. Ýewreýlere hatyň 11-nji babynyň jemleýji bölegine berlen ýiti üns bu hyýaly rowaýaty dargadyp taşlaýar.
Mesihiň hatyrasyna jebir çekmeklige ruhy taýdan ýeňilmäniň alamaty hökmünde garamaly däldigi Mukaddes Kitapda aýdylypdyr. Tersine, şol jebirler ýeňşiň alamatydyr. Lukanyň Hoş Habaryny okaň (6:22–23). Geliň, Hudaýyň ak patasyny aljak bolup, özümiziň jebirleri gözlemeýändigimizi belläliň, ýöne yzarlanmalara duçar bolanymyzda, olaryň gapdalynda ak patalaryň hem boljakdygyna garaşyp bileris.
Mesihileriň arasynda giň ýaýran ejirler baradaky ýalan pikirleri öwrenip bolanymyzdan soň, geliň, Mukaddes Kitabyň ejirler baradaky nukdaý-nazaryna garalyň.
1. Mesihiler muşakgat çekerler.
Mesihiler üçin yzarlanmalaryň we muşakgatlaryň gutulgysyzdygyny Mukaddes Kitabyň duýdurýandygyny biz gördük. Käbir wagyzçylar bu mowzukdaky wagyzlaryň iman eden adamlary özünden daşlaşdyrmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Bir zada üns beriň, Pawlus özüniň Kiçi Aziýa eden hoş habarçylyk syýahaty döwründe täze iman eden adamlara: «Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» (Resullaryň işleri 14:22) diýýär. Muşakgatlaryň gutulgysyzdygyny düşündirmek bilen Pawlus olary hakyky geljege taýýarlaýar. Biz hem şoňa taýýarlanmalydyrys.
2. Hudaý muşakgatyň bolmagyna ýol berýär.
Mesihileriň görgi görjekdikleriniň özümize aýdylandygy sebäpli, biz muşakgatlary Hudaýyň erki hökmünde kabul etmäge taýýarlanmalydyrys. Petrus bu barada özüniň Birinji hatynda açyk gürrüň edýär (2:19): «Çünki kim nähak görgi görüp, Hudaýyň öňündäki wyždanyndan ötri azaplara döz gelýän bolsa, bu sogapdyr».
Petrusyň 1-nji hatynda (3:17) biz ýene-de: «Sebäbi Hudaýyň islegi şeýle bolsa, onda ýagşylyk edip görgi görmek, ýamanlyk edip görgi görmekden gowudyr» diýen sözlere-de duş gelýäris. Ol şu Hatda (1 Petrus 4:19) bu mowzugy şeýle jemleýär: «Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen görgi görýänler hem ýagşylyk edip, janlaryny dogruçyl Ýaradana tabşyrmalydyr».
Pawlus Hudaýyň özüni «tiken» görgüsinden mahrum etmegi üçin eden üç gezekki dilegi bilen bize görelde görkezdi. Emma ol soň munuň Hudaýyň islegidigine düşünýär-de, bu synagy gutulgysyz bir zat hökmünde kabul edýär (2 Korintoslylar 12:7–10).
Köp mesihiler görgä ýeňliş hökmünde garaýarlar, sebäbi olar özleriniň Hudaýyň erki içindedigine ynamly däl bolýarlar. Şol sebäpli-de, olar Onuň eradasy boýunça görgi görmeli bolýandyklaryny takyk bilmeýärler. Eger biz Mukaddes Kitaby Hudaýyň eradasyna düşünmek üçin öwrenmesek, onda şu meselede ýalňyşmagymyz mümkin. Özümiziň beýik Hudaýymyzyň eradasyna laýyklykda, «…bütin zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini» (Rimliler 8:28) ýatda saklamagymyz gerekdir.
Eger Hudaýyň islegine boýun bolsak, onda Hudaý bizi Özüniň gönükdirmesi bilen üpjün eder. Biz öz islegimiziň ýönekeý hereketi bilen muşakgatlarymyzy hem görgülerimizi Onuň eline berip bileris. Imanly adamlar şübhe içinde ejir çekmeli däldirler. Biziň ähli işlerimiz Rebbiň eline berilmelidir (Süleýmanyň tymsallary 16:3).
3. Hudaýyň islegi bilen görgi görülmeginiň takyk maksady hem manysy bardyr.
Hudaýyň eradasy boýunça görgi görenimizde, görgüleriň takyk bir maksady hem manysy bolýar. Görgi içinde bolanlar köplenç muňa düşünip bilmeýärler. Şonuň üçin şonda olaryň Hudaýyň maksadyny hakykat hökmünde kabul etmegi gerekdir. Hudaýyň Öz halkynyň görgi görmegine we yzarlanylmagyna ýol berýändiginiň birnäçe sebäbi Mukaddes Kitapda sanalyp geçilýär:
• Imany synamak we arassalamak üçin (1 Petrus 1:6–7; 5:10; Rimliler 5:3–4; Ýakup 1:2–4 seret);
• Pawlusda bolan ýagdaýdaky ýaly, özüňi ýokary tutmany azaltmak üçin (2 Korintoslylar 12:7–10);
• Doganlara ruhy güýçde berkemäge kömek etmek üçin (Filipililer 1:14);
• Biziň durmuşymyzy has-da mukaddesleşdirmek üçin (Ýewreýler 12:3–10);
• Häzir özümize mälim bolmadyk maksatlary ýerine ýetirmek üçin (1 Korintoslylar 3:12);
• Bizi birlige getirmek üçin (Ýahýa 17:23). Munuň ýaly birlik ullakan ruhy güýç berýär (Resullaryň işleri 2:42). Käbir ýurtlarda, mysal üçin, Eýranda, yzarlanmalar başlanmazyndan öň ýygnagyň dargaýandygy göze ildi. Yzarlanmalar döwründe mesihiler birleşmäge mejbur boldular. Netijede, olar imanda berkediler, imanlylaryň hem sany artdy;
• Adamlary, ýagny bol hasyl getirmek üçin (Resullaryň işleri 8:1–4). Köp ýurtlarda mesihiler yzarlanyp başlananyndan soň, ýygnaklaryň köpelip başlaýandygyny biz hemişe görýäris. Bir mesihi şeýle diýipdir: «Eger biz özümize Resullaryň işleri kitabynda berlen buýruklary berjaý etmesek (1:8), onda Hudaý Resullaryň işlerinde (8:1) beýan edilen ýagdaýlaryň biziň durmuşymyzda hem bolmagyna ýol berer!»
4. Biz «mejbury edilen erbetlik» üçin görgi görmeli bolmarys.
«Mejbury edilen erbetlik» üçin görgi görmeli bolmajakdygymyz barada Petrus biziň eýýäm ýüzlenen Hatymyzyň köp böleklerinde aýdyp geçýär. Eger öz dogrulygymyz we Öz adynyň hatyrasyna görgi görsek, biziň bagtly bolýandygymyzy Isa aýratyn belläp geçdi (Matta 5:10–11). Käwagt häkimiýetiň ruhy durmuşy gözegçilik astyna aljak bolma synanyşygyna garşy bolup, biz hereket edýän kanuny bozýarys. Şunuň ýaly ýagdaýlarda biz, elbetde, munuň üçin jogapkärçilik çekmäge mejbur bolýarys, sebäbi häkimiýetiň wekili «gylyjy ýöne ýere göterýän däldir» (Rimliler 13:4).
Mundan başga-da, görgüleri öz başymyza özümiziň getirýän gezeklerimiz hem bolýar. Töweregimizde ýaşaýan adamlara bolan garaýyşlarda perwaýsyz ýa-da edepsiz bolmak bolmaýar. Beýleki dinler barada hormatsyz gürrüň etmek, eýdan ýygnanyşygymyzy eşitdirmek üçin köçede ses gataldyjy goýmak, ýygnanyşyk binasyndan daşarda bolanlaryň ünsüni çekjek bolup, sesli ýygnanyşyklary geçirmek ýa-da gürleşigiň edepsiz görnüşlerini ulanmak bolmaýar. Bu zatlaryň hemmesi Ýygnaga we mesihilere bolan duşmançylykly duýgulary oýarýar.
5. Hakykat üçin muşakgat çekmeklik aslyýetinde berlen ak patadyr.
Bu ak patanyň içki dünýä we şatlyk görnüşinde bolmagy-da mümkindir. Isanyň «bagtlylyk tabşyryklary» (Matta 5:1) diýlip atlandyrylýan taglymatyndaky «bagtyýar» ýa-da «bagtly» sözleriniň manysy hut şolarda hem jemlenendir. Biz Petrusyň şu zatlar barada gürrüň eden Hatyndaky parçalara eýýäm seredip geçdik (1 Petrus 2:19–20; 3:14; 4:14).
Başga bir täzeäht ýazary bolan Ýakup azar berilmäniň ýa-da yzarlanmanyň ýapyk görnüşli özbaşyna bir bagtlylykdygyny, oňa şatlyk bilen jogap bermelidigini aýdýar (Ýakup 1:2–3). Bu aýatlaryň häzirkizaman görnüşi şeýledir: «Dostlar, öz üstüňize hemme tarapdan synaglar ýaganda, olary hakyky sowgat hasaplaň. Bilip goýuň, siziň imandaky durmuşyňyz basyş astynda özüniň hakyky ýüzüni açýar-da, hakyky manysyny görkezýär».
6. Görgüler bizi gökdäki bagtyýarlyga gönükdirýär.
Görgüler bilen yzarlanmalar biziň ýüreklerimizi hem aklymyzy özümize göklerde açyljak bagtyýarlyga sary ugrukdyrýar. Isa ejir çekenlere gökde sowgat bermekligi wada etdi (Matta 5:12). Pawlus häzirki wagtdaky görgüleriň geljekki bagtyýarlygyň ýanynda hiç zatdygyny aýdýar (Rimliler 8:17. Petrus hem onuň bilen razylaşdy (1 Petrus 1:6–7; 4:13; 5:1–10). Bu günki günde ruhy «gaçgak» ýagdaýynda ýaşaýan imanlylar baky öýüne umyt bilen garaşýarlar.
7. Yzarlanylýanlar Isanyň görgülerini paýlaşýarlar.
Görgi görenlerinde mesihiler Isanyň göreldesine eýerýärler (1 Petrus 2:21–25). Biz hem Isanyň görgülerine şärikdiris (Rimliler 8 :17; Filipililer 3:10; 1 Petrus 4:13), sebäbi Onuň görgüleri biziň hem görgülerimiz hökmünde welilik edilip aýdylandyr. Dünýä bizi inkär edişi ýaly, Ony-da inkär etdi. Ony kemsitdiler, Ol fiziki agyryny çekdi hem-de fiziki ölüm bilen öldi. Eýsem, biz günä batan dünýäden özümize, Onuň şägirtlerine bolan gowy garaýyşlara garaşyp bilerismi?
Hytaýdan gaçyp gaýdan bir ruhy çopan Gyzyl Goşunyň özüne «bolmalysy ýaly» darandygyny žurnaliste gürrüň berdi. Onuň ýüzi durşuna ýara yzlaryndan doludy. Žurnalist ruhy çopana has takyk soraglary berip başlanda, ol: «Olar maňa özümiň garaşyşym ýaly daradylar. Olar ahyrsoňunda meniň Rebbimi-de öldüripdiler ahyryn!» diýip jogap berdi.
8. Görgüde ýeňiş gazanyp bolar.
Biz örän wajyp bir hakykaty takyk bilmelidiris. Bagtyýarlygyň açary iman bolup durýandyr. Eýýubyň başyna düşen güni ýadyňyza salyň. Ol adalatsyz görgi görýändirin öýtdi. Onuň dostlary bilen eden ähli jedelleri puç bolup çykdy. Ol ahyrsoňunda Hudaýa bil baglady (Eýýub 19:23 seret). Soň ol dünýädäki muşakgatlaryň özeni barada pikirlenip başlaýar. Eýýub öz soraglaryna jogap tapyp bilmedi, şonuň üçin ol Perwerdigär hem-de Gudratygüýçli Hudaýa boýun bolmaly boldy (Eýýub 42:1–6).
Petrus görgi içinde bolan mesihilere «janlaryny dogruçyl Ýaradana tabșyrmaklygy» (1 Petrus 4:19) maslahat berdi. Biz Hudaýa ynanýarys, sebäbi Ol biziň şu pursatdaky ynjyklygymyza däl-de, güýjüni Öz eradasyna laýyklykda gönükdirýär. Biz özümiz üçin gowy bir zat taýýarlan, özümizi söýýän, hemme zadyň Özüni söýýänleriň bähbidine işlejegini (Rimliler 8:28) wada beren Hudaýa ynanýarys. Biziň halas bolmamyz babatda Hudaýyň maksady bar, şonuň üçin hem özümiziň Öz taglymatyna gulak asýandygymyzyň kömegi bilen Ol bizde Öz adyny şöhratlandyrmak üçin işlerýär. Biz şunuň ýaly iman bilen durmuşdaky ähli muşakgatlaryň hötdesinden gelip bileris.
Isa görgi görjekdigimizi bize duýdurdy. Şol bir wagtyň özünde-de, Ol bagtyýarlyk wada berdi (Ýahýa 16:33 seret). Ol şeýle hem, Göwünlik Beriji bolan Mukaddes Ruhy bermekligi-de wada berdi. Elhenç yzarlanmalary başdan geçiren adamlaryň şaýatlyklary Isanyň Mukaddes Ruhy näme üçin Göwünlik Beriji diýip atlandyrandygynyň sebäbini görkezýär. Ýöne bir zady ýatda saklaň, iman Hudaýyň Sözüniň üstünde gurulýandyr. Eger başymyza muşakgat düşen wagty Hudaýyň Öz Sözünde beren wadalaryny ýada salmak isleýän bolsak, onda olary bilmegimiz gerekdir. Eger imanymyz berk bolsa, onda muşakgatlaryň hötdesinden abraý bilen geleris. Biziň dözümliligimiziň syry muşakgatlaryň ýoklugynda ýa-da abadançylykda däl-de, yzarlanmany paýhasly kabul etmegimizdedir.
Korintoslylara Birinji hem Ikinji hatlarynda Pawlus özüniň Mesihdäki durmuşy barada gürrüň berýär. Şonda ol parahatçylykly, sazlaşykly durmuş, ajaýyplyk we hormat-sylag barada gürrüň bermeýär. Tersine, ol külpet baryny çekýär, ret edilýär, hatda çykgynsyz ýagdaýlara-da düşýär. Şeýle-de bolsa, ol muşakgatlaryň hemmesinden hem abraý bilen çykýar, sebäbi biz özümizde, ýagny özümiziň palçykdan ýasalan tabagymyzda, gökdäki hazynany — Isa Mesihi we Onuň hatlaryny göterýäris (2 Korintoslylar 4:7).
Hut şu meňzetme palçygyndan ýasalan tabaklar hem Hudaýyň ýeňşini üpjün edýär. Biz muňa näçe tiz düşünsek, şol bilimi şonça-da tiz tejribede ulanyp bileris. Öz keşbimizi Onuň maksadyna laýyk getirmek bize näçe tiz başartsa, şonça-da tiz «ýeňijiler» bolarys. Edil şunuň ýaly biri-birimize teniň hokgalary boýunça däl-de, Mesihdäki täze mahluklar, içinde gökdäki hazynany — Isany — göterýän näzijek tabaklar hökmünde garap başlan badymyza, özümiziň ruhda ynandyryjy ýeňiş gazanandygymyza düşüneris.
Mukaddes Kitap hakykatlarynda mesihileriň görgüler babatda düşünmeli bolan iki sany kadasy bar.
Birinjiden, Görgüleriň Hudaýyň eradasy bilen gelýändigine ynamly bolmak gerek. Şonda biz durmuşymyzda nähili ýagdaý bolsa-da, olaryň hemmesini kabul edip bileris (Rimliler 8:12–25).
Ikinjiden, hatda biziň ýaly ejiz ýaradylyş hem kyn ýagdaýlara hötde gelip biler. Öz ýüregiňizi şu zatlarda berkidiň. Şeýle etseňiz, imanyňyz yranmaz bolar! Hemişe ýadyňyzda saklaň, Isa Öz halkynyň arasynda ýaşaýandyr!
Häzirki dünýäde mesihiler her dürli derejeli zalymlygy bolan görgrüler we yzarlanmalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Uruş zerarly bölünen Sudanda mesihiler fiziki zorlukdan hem-de emeli usulda döredilen açlykdan ejir çekýärler. Köpüsi göni manysynda gulçulykda ýaşaýarlar.
Eýran, Günorta Sudan, Demirgazyk Yrak ýaly ýurtlarda mesihi ýolbaşçylaryny fiziki taýdan ýok etmäge synanyşyklar edilýär. Saud Arabystanda bolsa, mesihiler türmelere basylýar, gynanylýar we köpçüligiň öňünde jezalandyrylýar.
Çýapada (Günorta Meksikada) diňe Hoş Habary wagyz edýändikleri sebäpli, otuz bäş müň sany mesihi bikanuny usul bilen öz öýlerinden kowuldy. Olaryň müňüsi zalymlyk bilen zorluga sezewar edildi ýa-da öldürildi. Olaryň köpüsiniň öýleri ýakylyp, ýurdunda ýumurtga togalabermeli edildi.
Peruda, Hytaýda, Sudanda, Kubada, Wýetnamda, Laosda, şeýle hem, dünýäniň başga-da köp ýurtlarynda dini işleri alyp barandyklary üçin mesihileri türmelere salýarlar. Ol ýerlerde dini işlere köplenç kanun tarapyndan gadagan edilen ýygnanyşyklary geçirmekligi degişli edýärler.
Indoneziýada ýüzlerçe ýygnanyşyk binalary ýakyldy. Bir Ambon adasynyň özünde gaty köp mesihi musulman ekstremistleriniň elinden gynanylyp öldürildi.
Nepaldaky mesihiler duşmançylykly induistleriň şu ýurduň häkimiýetine topar bolup ýazan haýyşnamasy barada eşidenlerinde alada galdylar. Ol haýyşnamada olar häkimiýetden çalt depginde ösýän mesihilik ýygnaklarynyň garşysyna çäre görmekligi haýyş edipdirler. Nepalyň Milli mesihilik birleşmesiniň prezidenti dünýäniň ähli mesihilerini şol haýyşnamanyň häkimiýetde goldaw tapmazlygy üçin dileg etmeklige çagyrdy.
Nepalyň günorta böleginde ýerli halk mesihilige gelip başlandan soň, ýerli induistler bilen buddistler bäş ýygnanyşyk binasyny weýran etdiler. 1950-nji ýylda ýurtda mesihi galmady diýen ýalydy. Emma indi «Mukaddes Ruhuň ygtyýarly hereketiniň» kömegi bilen ol ýeriň ýygnanyşyklarynda dört ýüz müňden-de gowrak mesihi bar.
1991-nji ýylda Nepal häkimiýeti esasan hem mesihilige gelmekligi gadagan edýän kanunlary äsgermezlik edýär. Ýöne wakalaryň munuň ýaly ýakymly öwrülişigi islendik pursatda kesilip bilner. Mesihileri şaýatlyk edendikleri üçin köp tussag edýärler-de, zyndana salýarlar. Mundan başga-da, olary durmuş taýdan we ykdysady çäklendirmelere sezewar edýärler. Mysal üçin, olara iş tapynmak hupbatly bolýar.
Gynamalardan başga-da yzarlamanyň iň ezýetli görnüşi, elbetde, çagalaryndan zor bilen ýüz öwürdip, mesihileri ene-atalyk hukuklaryndan mahrum etmeklik bolup durýandyr. Şunuň ýaly ýagdaýlaryň Filippiniň günorta etraplarynda, Pakistanda, Peruda bolandygy bellige alyndy.
Başga bir tarapdan, mesihiler iman eden adamlara uly psihiki basyşlar edýän öz maşgala agzalary we jemgyýet tarapyndan ýaramaz gatnaşyklara duçar bolýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda mesihiler öz goňşulary ýa-da öňki dostlary tarapyndan ýerliksiz aýyplamalara sezewar bolarlar. Mesihiniň öz maşgala agzalarynyň özüne garşy şaýatlyk eden ýagdaýlarynyň bolmagy-da mümkin. Munuň ýaly hüjümlere diňe özüni Rebbe doly bagyş eden adamlar garşy durup bilerler. Eýýubyň kitabynda aýalynyň Eýýuba «Hudaýa dil ýetirip, ölmegi maslahat berendigini» ýada salyň.
Ýadyňyzdan çykarmaň, munuň ýaly hadysalaryň ýekejesi-de, Hudaýy gapyl galdyrýan däldir. Ýewreýlere hatyň 11-nji babyny ýene bir gezek okaň-da, geçmişdäki mesihileriň nähili muşakgatlara duçar bolandyklaryny öwreniň. Ylaýta-da, 33-nji aýatdan 38-nji aýata çenli gowy üns beriň. Şol parçada käbirleriniň gutulyş alandygy, käbirleriniň bolsa almandygy barada gürrüň edilýär.
Mesihileriň şu döwürde görýän görgüleriniň hemme görnüşlerini takyk sanap çykmak mümkin däl. Ýöne XX asyrda Ýygnagyň taryhyndaky ähli asyrlara garanda, köp mesihiler gurban boldy. Yzarlanmanyň her görnüşi üçin mesihilere Mukaddes Kitapda berlen umumy görkezmelerden başga takyk nusga teklip etmek asla mümkin däl. Eger biz teklip edip biläýenimizde-de, şol teklipler peýdasyz bolardy, sebäbi biz özümiziň ejiz güýjümizi hasaba alsak, onda güýçli duşmana mynasyp garşydaş däldiris.
Biziň taýýarlygymyz Hudaýyň Sözüni öwrenmekde, Onda iman bilen bolmakda, özümizi Mukaddes Ruha her gün tabyn etmekde jemlenmelidir. Biz şeýle hem, beýleki mesihileriň özümiz üçin edýän dileglerine-de bil baglaýarys. Biziň ozal ýatlap geçen Ýewreýlere hatdaky yzarlanma degişli aýatlarymyz meşhur bolan «iman baradaky bapda» ýöne ýere ýerleşmeýär. Bu hatyň 11-nji babynda «iman» sözi ýigrimi dört gezek gabat gelýär. Hut imanyň özi-de, Pawlusyň gürrüňini eden ynamyny döredýär:
Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn (Filipililer 4:13).
Rollarda türgenleşmek:
Siz duşmançylykly ýagdaýda ýaşaýan mesihi. Siziň töweregiňizdäkilere söýgiňizi görkezjek bolýandygyňyza garamazdan, daşyňyz imanyňyz zerarly sizi ýigrenýän adamlardan doly. Bu ýigrenç olaryň aýdýan zatlaryndan tapawutlanýan ýigrençdir. Mundan başga-da, siziň öýüňizde mesihi barada gürrüňdeşligi üçin imanly adamlar ogryn ýygnanýarlar.
Bir gün säher bilen goňşularyňyz siziň gapyňyzy döwäýjek bolýarlar. Soň polisiýa gelip, iki tarapyň hem arzyny diňleýär. Poliseýler size ýa-ha (bilşiňiz ýaly, sizi urjak ýerlerine) polisiýa edarasyna gitmekligi, ýa-da goňşularyňyzy suda bermegi saýlamaklygy teklip edýärler.
Siz haýsysyny saýlardyňyz? Näme üçin?
Şahsy ýumuş:
1. Yzarlanmalar we görgüler baradaky ýadyňyza düşürip bilen aýatlaryňyzy ýatdan aýdyň.
2. Mukaddes Kitap gahrymanlary we olaryň yzarlanma garaýyşlary barada gürrüň beriň.
Ara alyp maslahatlaşmaly soraglar:
1. Mesihiler öz durmuşynda iman etmedik garyndaşlaryna garanda, görgülere köp derejede garaşmalymy?
2. Siz görgüler baradaky nädogry pikirde saklandyňyzmy? Haýsy pikirde saklandyňyz?
3. Mukaddes Kitap taglymatynyň görgüler dogrusyndaky haýsy nukdaý- nazarlary hakda ozal hiç haçan pikirlenip görmändiňiz?
4. Görgüler baradaky Mukaddes Kitap taglymaty Hudaý bizi söýýär, şonuň üçin hem durmuşymyzda diňe biziň bähbidimize boljak synaglaryň bolmagyna ýol berýär diýen tassyklama bilen nädip ylalaşýar?
5. Dünýäniň kynçylykly sebitlerindäki mesihiler agyr görgülere duçar bolanda, biz olary nädip goldap bileris? Biz olardan nämeleri öwrenip bileris?
3-nji bap
YZARLAMALARA GARAÝYŞ
1 Petrus 3:9
Abdul orta synpa degişli bolan sünni musulman maşgalasynda dünýä indi. Ol on ýaşynda musulmançylygy wagyz edip başlady hem-de ýigrimi üç ýaşyna çenli diýseň dindar adam boldy.
Ol ýetginjeklik ýaşyna ýetende, islendik ýaş ýigit üçin tebigy zat bolan: «Men kim? Men näme üçin doguldym? Meni kim ýaratdy?» diýen ýaly soraglary berip başlady. Soraglarynyň biri, ýagny: «Men ölenimden soň, Hudaýyň ýanyna bararmykam?» diýen sorag onuň köp wagtyny eýeledi.
Mesihileriň üç hudaýa ynanýandygyny, Mukaddes Kitabyň hakykaty ýoýýandygyny Abdulyň aňyna guýupdylar. Bir hoş habarçy Mukaddes Kitapda hakykaty ýoýmanyň bardygyny subut etmegini Abduldan haýyş edýär. Ol dokuz aýyň dowamynda subutnama tapmaga synanyşýar, emma tapyp bilmeýär. Bu aýlaryň dowamynda Hudaý Abdul bilen gürleşýär. Abdul hem Oňa boýun bolýar-da, Isa Mesihi özüniň Rebbi hem Halasgäri hökmünde ykrar edýär.
Ol öz imanyny üç ýyllap gizlin saklaýar-da, täze pikirleri barada maşgalasynda-da, dostlarynyň arasynda-da hiç kime aýtmaýar. Ol öz gelen kararynyň yslamyň talaplaryna garşy gelýändigini, eger ata-babalarynyň dinine gaýdyp gelmese, özüni öldüräýmekleriniň mümkindigini bilýärdi.
Imanda belli bir derejede ösenden soň Abduly Ekspo’92 programmasynyň çäklerindäki wadalar Pawilýonynyň alyp baryjysy hökmünde Sewilýä (Ispaniýa) çagyrýarlar. Ol muny iş hökmünde ykrar etmeýärdi. Bu Hudaýa gulluk etmäge mümkinçilik bolupdy. Ýaş ýigit üçin uly ak patalaryň wagty gelip ýetdi.
Abdul ýurduna gaýdyp baranda, eýýäm aeroprtda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bilen kynçylyklar ýüze çykdy duruberdi. Onuň pasportyny elinden alýarlar. Onuň imana gelşi bilen gyzyklanyp, iki inspektor sorag etdi. Ony aeroportdan ellerine gandal geýdirip, göni milli howpsuzlyk komitetine, şäheriň merkezine alyp gidýärler. Ol ýerde onuň gözlerini daňyp, sekizinji gata çykarýarlar-da, ýene sorag edýärler. Onuň ellerine-aýaklaryna, ýüzüne urýarlar, kemsidýärler hem-de türmä ömürlik basjakdyklaryny aýdyp haýbat atýarlar. Onuň bütin bedeni urgulardan ýaňa awaýardy. Oňa, hatda, bir owurt suw hem bermeýärler.
Şeýle-de bolsa, hemme kemsitmelerden we ýençmelerden soň, ony birneme wagt geçenden soň ýene gelmeklige borçly edip çykaryp goýberýärler. Soň oňa eger dinden çykmasyna toba etmese, munuň üçin gaty gymmat töleg tölejekdigini, hemme zatdan öňürti dönükligi barada maşgalasyna gürrüň berjekdiklerini aýdýarlar.
Soňky aladaly we ejirli aýlaryň dowamynda Abdul ýygnanyşyga hiç gitmeýär. Ol özüniň iman edendigi barada maşgalasynyň bilmegini islemeýärdi, sebäbi biläýse nämä garaşmaly boljagyny bilýärdi. Mundan başga-da, ol bu işe özüniň mesihi dostlaryny goşmak islemeýärdi.
Ol ahyrsoňy hemme zat barada özüniň uly gyz doganyna gürrüň berýär, sebäbi Abdul onuň bilen has dostlukly gatnaşykdady. Abdul gyz doganynyň hiç bolmanda özüni diňlejegini bilýärdi. Gyz dogany Abdulyň gürrüňini gözüni ýaşa dolduryp diňländen soň ilkinji eden zady, maşgalasyny howp astyna salmaz ýaly, ýurtdan gaçmagy maslahat berme islegi bolupdy.
Abdulyň öýünde gürrüňleri diňleýji enjamlar goýuldy, telefony-da diňlenilýärdi, oňa gelen hatlary açyp görýärdiler, bankdaky hasap-hesiplerini, edil onuň özüni gözegçilik astynda saklaýyşlary ýaly saklaýardylar. Sekiz aýlyk birahatlykdan, yzarlanmadan we öýüni bikanun dökmelerden soň, Abdul ýurtdan gitmegi ýüregine düwdi. Ol özüne edilýän basyşlara we näbelliligiň öňündäki gorka mundan artyk çydam edip bilmedi, sebäbi ol milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleriniň öz yzyndan galjagyny göz öňüne-de getirip bilmeýärdi.
Bu günki gün Abdul bilen onuň aýaly azat ýurtda ýaşaýar.
Bir akyldar pelsepeçi durmuşyň 20% hereketlerden, 80% garaýyşlardan (reagirlemeden) ybaratdygyny aýdypdyr. Mesihiniň hakyky yzarlamalara we görgülere nähili garamalydygyny bize Mukaddes Kitap öwredýär. Ine, şol taglymatyň takyk nukdaý-nazarlarynyň birnäçesi:
1. Haýran galmaň!
Mukaddes Ýazgyda durmuşymyzda bolup geçýän zatlara biziň garaýşymyz barada köp gürrüňler berilýär. Biz synaglara, görgülere we yzarlanmalara duş gelenimizde, haýran galmaly däldigimizi Petrus öwredýär:
Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny geň zada sataşan ýaly, geň görmäň, eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, ulu begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň. (l Petrus 4:12–13)
Petrus bu ýerde Täze Ähtde yzarlanmalar we görgüler baradaky köp duş gelinýän öwüt-nesihatlary gaýtalaýar (Ýahýa 15–16; 2 Timoteos 3:12; 1 Ýahýa 3:13). Görgüler bizi geň galdyrmaly däldirler. Görgülere onuň Hudaýyň maksadyny amala aşyrmaga päsgel bermeýändigine düşünmek bilen garaşmak gerekdir.
2. Şatlanyň!
Petrusyň Birinji hatyndaky (4:13) synag döwründe şatlanmalydygy baradaky teklibi Mukaddes Kitabyň iň kyn ýeri bolup durýar. Ýöne ol Isanyň «bagtlylyk tabşyryklarynda» (Matta 5:11–12 seret) beren taglymatyna hem-de Ýakubyň öz hatynyň 1-nji babynyň 2–4-nji aýatlarynda berýän öwüt-nesihatlaryna doly gabat gelýär. Asyl nusgada berlen işligiň formasy hereketiň işiň gidişinde bolýandygyny aňladýar. Şonuň üçin şeýle diýýär: şatlanyň!
Eger onuň ýanyndaky Hudaýyň wadalaryna üns bersek, onda bu buýruga düşünmek aňsat bolýar. Biz Rimlilere hatda (8:28) Rebbiň iň ajaýyp wadalarynyň birine duş gelýäris. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimeleriniň biriniň belliginde, bu aýadyň has takyk terjimesiniň aşakdaky ýaly bolýandygy aýdylýar: «Biz Hudaýyň hemme zady Özüni söýýänleriň bähbidi üçin edip, hemişe olar bilen bile bolýandygyny bilýäris». Nähili ajaýyp!
Biz mazohistler däl. Biz agyry çekmekden lezzet almaýarys. Ýöne biz Rebbimiz bilen Özüniň görgülerini paýlaşyp bilýändigimize, gaýdyp gelen pursatynda Onuň bilen baky birleşjekdigimize şatlanýarys. Petrus özüniň Birinji hatynda (4:14) muşakgatda şatlanmanyň ýene bir sebäbi barada gürrüň berýär. Çünki Mukaddes Ruh üstümizde bolup, bizi agyrydan we gorkudan halas edýär. Şol Ruh islendik yzarlanmadan gelýän muşakgatyň güýjüne akyl ýetirmeklige kömek edýär. Hut Şol hem mesihä üýtgeşik ak patany berýär. Şonuň üçin şatlanyň!
3. Minnetdarlyk bilen dileg ediň.
Pawlus özüniň Filipililere hatynda (4:6) bizi «hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dileglerimizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildirmekligi» maslahat berýär. Kyn güne düşen mahalymyz Hudaýa kömek sorap ýüzlenip bilýändigimiz düşnüklidir. Şonuň üçin Pawlus Hudaýa şübhelenmäniň, düşünmedik soraglarymyzyň bolmagynyň ýa-da Ony aýyplamanyň ýol berilmesiz zatdygyny aýdýar. Biz hemme zady minnetdarlyk bilen kabul etmelidiris, sebäbi Hudaýyň bu zatlar babatda maksady bar. Ol şol maksatlaryň hatyrasyna-da, bizi Öz ölümden direlmesiniň güýji bilen üpjün edýär. Resul Pawlusyň şu hatyndaky indiki aýat minnetdar ýürekde mesgen tutjak merhemet barada gürrüň berýär: «Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar».
Ýazgy şeýle hem, muşakgat çekýänler (Resullaryň işleri 12:5; Ýewreýler 13:3; Koloseliler 4:18 seret) hem-de olary yzarlaýanlar üçin dileg etmekligi öwredýär (Matta 5:44; Rimliler 12:14). Biz mundan başga-da, yzarlanylma dogry düşünmeklige Rebbiň akyldarlyk bermegi üçin hem dileg etmelidiris.
4. Muşakgatlaryň çeşmesini kesgitläň.
Petrusyň Birinji hatynda (4:15–19) biz yzarlama we muşakgata dogry garamalydygyna degişli bolan iki sany wajyp esasa duş gelýäris. Muşakgatlaryň hemişe Hudaýyň eradasy boýunça bolmaýandygyny Petrus aýdýar. Eden jenaýatlarymyzyň netijesinde ejir çekmezimiz ýaly, Petrus hiç haçan hem etmeli däl bolan jenaýatyň dört görnüşini sanaýar. Olar: ganhorluk, ogurlyk, erbetlik we kişiniň zadyna göz gyzdyrmaklykdyr. Görgi görmek bilen Hudaýyň eradasyny ýerine ýetirýändigimize ynamly bolmak üçin biz görgüleriň sebäbine dogry baha bermelidiris.
Şu hatyň 17-nji aýatynda Petrus bize öwüt-nesihat berip, görgülere taýýar bolmaklyga çagyrýar, sebäbi Hudaý gelmeziniň öň ýanynda bizi Öz Ýygnagynyň agzalary hökmünde jezalandyrýar, synaýar we päkleýär. Bu nukdaý-nazar hem öz durmuşymyzyň ýagdaýlaryna düşünmäge bize kömek edýän esas bolup durýandyr.
Hut biziň Isanyň geljegine taýýar bolmamyzyň özi yzarlamalary we görgüleri güýçsüz edýär. Petrus ýene şeýle diýýär: «Mesihiň biziň hatyramyza tende görgi görşi ýaly, siz hem şol pikir bilen ýaraglanyň…» (1 Petrus 4:1). Bu aýat Mukaddes Kitabyň hytaý dilindäki terjimesinde has-da güýçli eşidilýär: «Öz ýaragyňyz bilen görgi görmäge taýýarlyk görüň». Şeýle köp hytaýly mesihiniň duşmanyň elinden ýaragyny alyp, ony Hudaýyň ýeňşi üçin ulanandygy geň galar ýaly zat däldir.
5. Görgülerden utanmaň.
Mesihiler görýän görgüleri üçin özünde utanç duýgusyny döretmeklige şeýtana ýol bermeli däldirler. Görgi görmäniň görnüşi beýleki mesihilerden aýra bolmaklyk bolan ýagdaýynda şeýtan imanlylaryň ruhuny döwmäge we ýüreklerinde şübhe tohumyny ekmäge synanyşar. Eger mesihiler Isanyň hatyrasyna görgi görmekligiň tebigy zatdygyna, bütin dünýädäki mesihileriň hem şunuň ýaly ýagdaýa düşýändigine düşünseler, onda güýçli goldaw alarlar. Petrus: «Kim mesihi bolup görgi görýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn» (1 Petrus 4:16) diýýär.
6. Görgülere Mesihiň garaýşy ýaly garaň.
Eger biz Mesih kimin görgi görýän bolsak, onda görgülere Mesihiň garaýşy ýaly hem garamalydyrys. Eger görgülere ten isleglerimiz boýunça seretsek, onda biziň görgülerimiz heläk bolup barýan dünýä şaýatlyk hökmünde manysyny ýitirer. Mesih ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermedi, Ol sögünje sögünç bilen jogap bermedi. Ol Özüne atylan haýbatlara haýbat bilen jogap bermedi. Ol özüne ýamanlyk edenlerden ar almady. Ol Özüni kemsidijileri söýdi hem Özüni ýigrenýänler üçin dileg etdi. Bize özümizi näletleýänlere ak pata bermeklik, ýigrenýänleri söýmeklik, özümizi yzarlaýanlar üçin dileg etmeklik buýruk berlendir (Matta 5:38–48 seret).
Ýatda saklaň: mesihilere azar berip, olary yzarlan adamlaryň mesihileriň yzarlanmany kabul edişlerini görüp, soňundan özleriniň mesihi bolan ýagdaýlary- da bardyr (1 Petrus 3:14–18).
7. Hudaýa ynanyň!
Petrus özüniň Birinji hatynda (4:1) şägirtleriň «janyny Hudaýa tabşyrmalydygyny» aýdýar. Petrus bu sözleri aýtmak bilen Ýaradyjymyzyň doly ygtybarlydygyny, Oňa bil baglap bolýandygyny, sebäbi biziň mätäçliklerimiziň hemmesini diňe Onuň kanagatlandyryp bilýändigini aýtmak isleýär. Eger ýüregimizde hemme zady Rebbe berme kararyna gelen bolsak, onda görgülere döz gelmek köp derejede ýeňil bolar. Eger diýenedijilikde hem pidaly gullukda Oňa boýun bolsak, onda eýýäm Onuň öz durmuşymyza goýberjek synaglary we görgüleri üçin biynjalyk bolmak gerek däl bolar.
8. Berk duruň we agzybir boluň.
Bir maşgalanyň agzalary hökmünde biz onuň görgi görýän agzasyna kömek etmäge gelmelidiris. Mesihiň bedeni özüniň ähli synalarynyň biri-biri bilen berk jebis bolan ýagdaýynda güýçli bolýandyr. Bedeniň bir synasy syzlasa, beýleki synalary-da ejir çekýändir (1 Korintoslylar 12:20–27 seret).
Pakistanly ýaş Salamat Mazih yzarlanylýan pakistan Ýygnagynyň Mesihiň Teniniň beýleki synalaryndan kömek alýandygyna şaýatlyk edýär. Ony, sowatsyz adamy, Muhammet pygamberi hat görnüşinde kemsitmekde aýyplaýarlar. Şu aýyplama esasynda hem ony ölüm jezasyna höküm edýärler, ýöne soňundan aklaýarlar. Şol wagtyň dowamynda ol ýeriň ähli künjeklerinden özi üçin dileg edilýändigi baradaky hatlary alyp durýar. Salamat şeýle diýýär: «Men ozal hiç haçan özümiň bütin dünýäde şunça köp mukdarda doganlarymyň bardygyna düşünmändirin!»
Indoneziýaly bir ruhy çopany maşgalasy bilen ýurtdan gitmeklige hem-de ýygnanyşykdan el çekmeklige mejbur edip, onuň üstüne hüjüm edýärler we endamyna güýçli zeper ýetirýärler. Ony «ejizlikde» ýazgarmazdan öňürti, elbetde, şol ruhy çopanyň beýleki ýygnanyşyklar ýa-da mesihiler tarapyndan goldaw ýa-da kömek alandygy, almandygy bilen gyzyklanyp görmegimiz gerek. Onuň özüni ýalňyz duýan bolmagy-da mümkin, sebäbi özüne ýeterlik derejede söýgi bilen duýgudaşlyk bildiren adamlar tapylan däldir?
Düzgün bolşy ýaly, mesihiler yzarlanylmaýan ýurtlardaky imanlylar yzarlanma mowzugyna biperwaý garaýarlar. Ine, yzarlanma baradaky aýdylanlara berlen jogaplaryň birnäçesi:
1. «Bizde munuň ýaly zat bolup bilmez».
Psihologlar munuň ýaly jogaby geografik aýrabaşgalyga esaslanýan reaksiýa diýip atlandyrardylar. Köpler aslynda giňişleýin yzarlanma mümkin däl, sebäbi «Konstitusiýa wyždan azatlygyny» ýa-da «biziň ýurdumyzda örän köp ýygnanyşyklar bar» diýip hasap edýärler. Munuň ýaly imanlylar öz ýurdunyň hökümetindäki düşünjeli adamlara, öz ýurtlarynyň durmuşynda mesihilik Ýygnagynyň merkezi derejäni eýeleýändigine bil baglaýarlar.
Ugandadaky mesihilik Ýygnagy gatnaýjylaryň sany boýunça iň uludy. Oňa gelýän adamlar bütin ilatyň ýetmiş göterimini düzýärdi. Ýöne Idi Amin häkimýeti basyp alandan soň, görlüp-eşidilmedik derejede mesihiler yzarlanylyp başlandy. Ýygnagyň agzalarynyň köp bolmagy onuň howpsuzlygyna kepil geçip bilmeýär hem-de onuň agzalaryny mümkin bolan yzarlanmalardan gorap bilmeýär.
2. «Biziň döwrümizde yzarlama bolup bilmez».
Biziň zamanamyzda liberalizmiň güýji bilen özlerini yzarlanmadan azatdyrys hasaplaýan adamlar şunuň ýaly jogap berýärler. Emma yzarlanylma gelen wagty taryh olaryň hem durmuşynda öz yzyny galdyrýar.
3. «Hudaý munuň ýaly zada ýol bermez».
Yzarlanmanyň Mukaddes Kitap esasyna düşünmän, imanlylar Hudaýdan, hatda, yzarlanma mümkinçiligini hem aýyrmagyny sorap dileg edýärler. Kynçylyklara gelende dogry hereket etmekligiň ýa-da Hudaýyň Sözüni wagyz etmekde batyrlyk sorap dileg etmegiň deregine (Resullaryň işleri 4:29), olar yzarlanma ýol berilmezligi üçin dileg edýärler, sebäbi olar munuň ýaly hüjümler diňe şeýtan tarapyndan edilýändir diýip pikir edýärler.
4. «Bu zatlar barada pikirlenmäge biziň wagtymyz ýok».
Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly ýurtda ýaşaýan adamlar hem-de yzarlanmanyň nämedigini düýbünden ýadyndan çykaran adamlar yzarlanylma şunuň ýaly garaýarlar. Geň galdyrýan ýagdaý bolsa-da, yzarlanmalar barada pikir etmek hem islenilmeýän ýerlerde yzarlanma has-da güýçli bolýar.
Yzarlanmalaryň zarbasy astynda özümizi abraýly alyp barmaklyk dolulygyna Mesihiň güýjüne baglydyr. Biz diňe Onuň kömegi bilen çydamly bolup bilýäris. Taýýarlanylmadyk mesihiler yzarlanylmalara duş gelenlerinde, ýalňyşlyklaryň ýene birini etmäge meýilli bolýarlar.
1. Imany inkär etme we duşmanyň tarapyna geçme.
Imany ret etmegiň ýol bererlikli zat däldigi göze görnüp duran zatdyr, taýýarlanylmadyk mesihiler hut şunuň ýaly hem edýärler. Mesih tussag edilen wagty Petrus gorky içinde bolandygy sebäpli Ony inkär etdi. Iuda Isa bolan imanyndan sesini çykarman dändi-de, Ony duşmanyň eline berdi. Biziň hemmämizem durmuşymyzyň dürli pursatlarynda belli bir derejede şu günäni edýäris. Ýöne ýatda saklaň, Hudaý, hatda şu günäni hem bagyşlap bilýär.
2. Öz imanyňy gizlemäge synanyşma we jemgyýetden aýra bolma.
Munuň ýaly garaýşyň ýalňyşlygy göze gaty bir ilibem durmaýar. Imanly adam özüniň Rebbe bolan imanyndan el çekmändigi bilen özüni aklap, tekepbirligine gizlin umyt berip biler. Emma ol gorkunjyndan ýaňa beýleki mesihilerden daşlaşan bolsa, onda duşman bu aýra bolmany jemlär, şonuň üçin hem imanly adamyň ruhy durmuşy ýuwaş-ýuwaşdan söner. Hatda Ýahýa Çokundyryjy hem zyndandaka, Isa Mesihe müňkürlik etdi (Luka 7:18 seret). Köp mesihiler yzarlanmalara duş gelenlerinde, şunuň ýaly täri saýladylar, ýöne soň öz ýalňyşlyklaryna düşündiler. Olar aýra bolýan ýerlerinden çykyp, beýleki mesihiler bilen gatnaşyklaryny dikeltdiler hem-de mesihilik doganlygyna eýe boldular.
3. Çykgynsyz ýagdaý açyk gozgalaňa itekleýär.
Bu görnüşiň netijesiniň uzaga çekmegi mümkin. Biziň tekepbirligimiziň kömegi bilen edilýän açyk gozgalaňyň birbada batyrgaý iş ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne munuň ýaly işler hökmany suratda häkimiýet tarapyndan yzarlanmanyň gazaplaşmagyna alyp barar-da, ýa-ha gozgalaňçynyň ýok edilmegine, ýa-da onuň türmä salynmagyna getirer. Munuň ýaly netije Mukaddes Kitabyň yzarlanma bolan garaýşyna garşy bolup duranok.
Mukaddes Kitap ýaragy mesihilik ýygnanyşyklaryny goramak üçin ulanmaklyga çagyrýar. Ýöne ýaragly garşy durmaklyk mowzugynyň özi mesihilerde çynlakaý biynjalygy oýarýar. Munuň ýaly hereketiň Mukaddes Kitap esasyny öwrenmeklik bizi şeýle düşünjä getirýär: biz mesihiniň raýatlyk borjy bilen onuň ýarag göterme ýa-da ýarag götermekden ýüz öwürme jogapkärçiligini tapawutlandyryp bilmelidiris.
Köp ruhy çopanlaryň hem-de ýygnanyşygyň adaty agzalarynyň ýarag götermegi goldaýandygyny boýun alýarys, ýöne Isanyň terjimehalyna, şaýatlyklaryna we taglymatyna esaslananymyzda, ýarag götermekligi ýagdaýdan çykmanyň gowy çykalgasy hasaplap bolmaýandygyny görýäris.
Reb hakykatdan hem (Çokundyryjy Ýahýa ýaly) kimdir birini häkimiýetiň garşysyna gaharly hereketleri etmeklige getirip biler, şonuň üçin beýleki mesihiler şeýle etmek bilen öz başyna häkimiýetiň gazabyny inderen adamy ýazgarmaly däldir. Ýöne şeýtanyň beýleki mesihilere kömek edip bilýän adamy ýoldan aýyrmak üçin mümkinçilikden peýdalanýan bolmagy mümkin?
4. (Eger ýeke-täk çykalga bolup durýan bolsa) Gaçmaklyk.
Mesihileriň yzarlanma adaty garaýşy — mümkin bolan ýerinde — ýygnanyşyklary geçirmek ýa-da Hoş Habary wagyz etmek üçin gowy şertleri bolan howpsuz ýere göçmeklik bolup durýar. Şunuň ýaly çykalga ýygnanyşygy hereketde saklamanyň ýeke-täk formasy hasaplanylýar. Mesih haça çüýlenen wagty Onuň şägirtleriniň hemmesi gorkudan ýaňa gaçyşyp dargap gitdiler, emma birneme wagt geçenden soň, olar hakyky «howpsuzlygy» diňe «Hudaýyň eradasyna» daýanmak bilen gazanyp bolýandygyna düşündiler. Duşmançylykly ýagdaýda Ýygnak diňe bir hereket etmän, eýsem gülläp hem biler.
Yzarlanma garaýşyň sanalyp geçilen görnüşleriň hemmesi yzarlanma ruhy taýdan taýýar bolmadyklaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Bular kynçylykly ýagdaýa berlen ruhy jogap däl-de, beden taýdan garamadyr. Rebbe daýanmadyk wagtymyzda her hili zatlaryň bolmagy mümkin.
Şeýle hem taýýarlanylan mesihileriň yzarlanylma garaýşynyň her dürli görnüşleri-de bardyr. Olar imanly adamlaryň durmuşynda bolup geçen zatlardyr. Munuň ýaly adamlar kynçylyklar bolan wagtynda imanda berk durmaga we ruhy taýdan ösmäge taýýar bolýarlar. Imanly adamlaryň garşy durmalarynyň indiki üç usuly hem Mukaddes Kitap boýunçadyr, hem taryhydyr. Şol ýagdaýlaryň aglaba bölegi Hudaýyň ýolbaşçylygy bilen bolandyr.
1. Olar (Hudaýyň islegidigini bilenlerinde) gaçdylar.
Täze Ähtde Ýusup bilen Merýem ölümden gaçyp, Bäbejik Isany hem alýarlar-da, Müsüre gidýärler. Isa Öz şägirtlerine yzarlanmalar başlananda, şäherden çykyp, başga şäherlere gaçmalydygyny buýruk berýär. Onuň Özi hem birnäçe gezek fariseýlerden gaçýar.
Iýerusalimdäki irki mesihiler Isanyň buýrugyna boýun bolmandyrlar. Biz bu baradaky setirlere Resullaryň işleri kitabynda (1:8) duş gelýäris. Olar Hoş Habary wagyz etmek üçin ýeriň dört künjüne gitmeýärler. Şonuň üçin hem Hudaý olary bütin dünýä dargatjak bolup, mesihileriň Resullaryň işleri kitabyndaky (8:1) yzarlanmasynyň bolmagyna ýol berýär. Mukaddes Ýazgynyň azar bermeler baradaky tekstine laýyklykda, olar Hudaýyň islegini yzarladylar, sebäbi ýer ýüzüne ýaýran mesihiler «sözi wagyz etdiler» (Resullaryň işleri 8:4 seret). Dürli ýurtlara pytran irki mesihiler öz ýollarynda gabat gelen adamlara şöhratly Hoş Habar barada gürrüň bermän bilmändirler.
Köp azar berilmeleri başyndan geçiren resul Pawlus özüniň hoş habarçylyk durmuşynda gaçmaly-da bolupdyr (Resullaryň işleri 9:25, 30; 17:10 seret). Şonuň ýaly ýagdaýlarda oňa dostlary bilen şägirtleri kömek edipdirler. Adamlar Pawlusyň janyny hem gullugyny halas etmek üçin ellerinde baryny edipdirler, emma onuň özi welin azar berilmelerden gaçmaga synanyşmandyr.
Biziň günlerimizde yzarlanylýan mesihileriň öz öýlerini terk edip gitmeginiň «dogrumydygy» barada köp jedelleşýärler. Şunuň ýaly etmegi ýüregine düwen adam munuň hakykatdan hem Hudaýyň islegidigine göz ýetirmelidirler. Başga bir tarapdan, eger hemme mesihiler gaçyp gitseler, onda adamlara Mesih barada gürrüň bermek üçin kim galar? Ýatda saklaň, Rebbimiz töweregimizdäki adamlar üçin biziň «nur bilen duz» bolmalydygymyzy aýdypdy (on ýedinji baba seret).
2. Olar galdylar-da, döz geldiler.
Şu gollanmanyň maksady — yzarlanmalara abraý bilen döz gelip, olaryň içinden ýeňiji bolup çykmaklygy mesihilere öwretmekdir. Şonuň üçin, geliň, mesihileriň «gizlin» imanlylar bolşy ýa-da resmi bolmadyk gizlin ýygnanyşygy guraýan görnüşlerinde saklanalyň.
Mesihileriň aglaba böleginiň yzarlanylma garaýşy Mukaddes Kitabyň üç sany wajyp bolan hakykatyna esaslanandyr:
• Diňe Hudaý Kazydyr we ygtyýarly Rebdir. Adamlaryň ýüreklerini diňe Ol bilýändir, olary ýola Ol ugrukdyrýandyr. Şeýlelikde, eger öz güýjümiz bilen ar almaga başlasak, onda Hudaýyň etmeli işini ýerine ýetirmekligi öz üstümize alýandyrys.
Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, Çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, Jeza güni gaty golaýdyr (Kanun taglymaty 32:35).
• Hudaý ezilýänleriň dileglerini eşidýändir.
Eý Hudaý, maňa kazylyk et, merhemetsiz milletden hakymy alyp ber, meni hilegär we naýynsap adamdan halas et (Zebur 43:1).
• Öç almanyň Hudaýa degişlidigi sebäpli, biz ar aljak bolmaly däldiris.
Duşnamyň aç bolsa, oňa iýmäge çörek ber; suwsuz bolsa, içmäge suw ber. Sen muny etmek bilen, onuň başyna köz guýarsyň, Reb seni sylaglar (Süleýmanyň pähimleri 25:21–22).
Gadymy ýewreý dilindäki «sylaglar» sözi «jemlär» diýmekligi hem aňladýar. Öz duşmanyna rehimdarlyk eden adamyň başlan işini Hudaý jemlär.
Köp ýagdaýlarda yzarlanmalar yzarlanylýan adamyň ölümi bilen gutarýar. Bizde az bolan üç sany täzeäht mysaly bar. Olar Ýahýa Çokundyryjy, Stefanus we Ýakupdyr (şeýle hem Ýewreýler 11:36–37 seret). Şu ýagdaýlarda ejirli ölüm olar tarapyndan yzarlanmanyň kanunalaýyk netijesi hökmünde kabul edilipdir. Biziň günlerimizde bu zatlara düşünäýmek aňsat iş däldir. Onda-da, biziň medeniýetimize «adam hukuklaryny» öňe sürmeklik we her hili yzarlanmadan gaça durmaklyk mahsusdyr.
3. Olar özleriniň kanuny hukugyndan peýdalandylar.
Yzarlamalara garaýşyň birinji we ikinji usullarynyň arasynda bolan ortalyk, üçünji görnüşi hem bar. Bu yzarlanmada berk durmaga kömek edip biläýjek islendik serişdedir. Pawlus bu ýerde-de bize görelde görkezdi. Ol Resullaryň işleri kitabynyň 22-nji babynda özüne howp salýan jezanyň näme üçindigine düşünmändigi sebäpli, goranjak bolup, özüniň rim raýatlygyny ulanýar. Ol Resullaryň işleriniň 25-nji babynda-da, özüniň rim raýaty hökmünde goranma hukugynyň bardygyndan ýene-de peýdalanyp, kaýsara arz etjekdigini aýtmak bilen ýehudylaryň elinden ölme howpundan halas bolup bilýär.
Üç görnüşiň hemmesinde-de, adalatlylyga ymtylyş, ylaýta-da, başga adamlar babatdaky adalatlylyk diýseň inçe zat bolup durýar. Mesihiler üçin adalaty goramak olaryň çagyrylyş ulgamyna degişlidir. Adalatsyzlyga garşy çykyş edýän mesihiler özlerini azar berilmelere we yzarlanmalara duçar edip, söweşiň öňki hatarynda durýarlar.
Abdias Towilla dogan özüniň Çýapadaky (Günorta Meksika) watandaşlaryna kömek etmek üçin kanuny öwrenýär. Çýapanyň ýaşaýjylaryny diňe mesihi bolandyklary üçin ýaşaýan öýlerinden çykaryp kowýardylar.
Peruda döwlete garşy iş etmekde aýyplap, adalatsyz türmä salnan ýüzlerçe mesihileri kanun boýunça ýuridiki taýdan goraýan Mesihilik mejlisi döredildi.
Şri Lankadaky ilatyň ezilen az bölegi bolup durýan ýygnak, mesihileriň yzarlanma sezewar edilen ýygnaga kömege gelşiniň ajaýyp mysalydyr. Şri Lankdaky Hoş Habar birleşmesi Bütindünýä Hoş Habar birleşmesiniň dini azatlyk boýunça Topary bilen bilelikde ýygnagyň ýa-da mesihiniň hüjümlere ýa- da yzarlanmalara sezewar edilen ýagdaýy üçin aşakdaky gollanmalary kabul etdi:
• Ejir çeken ýygnaga beýleki ýygnaklaryň ýolbaşçylarynyň gelmegi we olaryň ruhy çopany hem-de adaty agzalary ruhlandyrmasy.
• Kanundan çykmalar barada akt düzme we ol hakda bütindünýä birleşmesine habar berme. Adatça bu iş internetiň üsti bilen edilýär. Netijede beýleki mesihiler Mesihiň Bedeniniň ejir çekýän bölegi üçin güýçli dileg edip başlaýarlar.
• Ejir çekenlere material kömegini berme. Ýygnaklar öz güýçlerini yzarlamanyň pidalaryna serişde ýygnamaklyga gönükdirýär.
• Mesihileri yzarlanma baradaky takyk soraglary döwlet derejesine çykarma. Geljekde munuň ýaly zatlaryň öňüni almak üçin kanun tertibi we jemgyýetçilik pikiri sistemasyny ulanma.
• Yzarlamanyň islendik görnüşi baradaky habary bermeklerini haýyş etmek bilen ruhy çopanlary we adaty mesihileri özleriniň kanuny hukuklary bilen tanyşdyrma.
• Näme etmelidigi we hereket edýän dini azatlyklaryň çäklerinde näme etmeli däldigi barada düşündirme.
Bu ýerde öz başyňa bela getirmez ýaly, duşmançylykly ýagdaýlarda ýygnanyşykda özüňi nähili alyp barmalydygyna degişli praktiki maslahatlary sanamak gerek:
• ýygnanyşyklary göze ilginç edip geçirmezlige çalyşmak;
• özüňi töweregiňdäki dünýäden aýra saklamazlyk, şol bir wagtyň özünde-de ýygnanyşykdan daşlaşmazlyk;
• öz häsiýetiňde töweregiňdäki adamlaryň medeniýetini saklamaklyk;
• mesihi baýramçylyklary günlerinde hemmäniň ünsüni çekmekden gaça durmak;
• Hoş Habary wagyz eden wagty adamlary ynsanperwerlik ýa-da durmuş taýdan kömek bermeklige çekmezlik;
• özüňi töweregiňdäki dünýä üçin büdreme daşy etmän, ýönekeý durmuşda ýaşamak;
• yzarlanma bolan ýagdaýynda kiçijik toparlara bölünip ýygnanmak;
• daşary ýurtlulary ýygnanyşyga çagyrmazlyga çalyşmak;
• beýleki dinler babatda äsgermezçilikli sözleri aýtmakdan gaça durmaklyk.
Indiki paýhasly bellik konfessionalara gepleşiklere gatnaşan bir ýygnak ýolbaşçysynyň aýdan zadydyr. Öz gözüniň öňünde bolan gapma-garşylyklardan soň, ol munuň ýaly ýagdaýda iş alyp barmagyň mümkin däldigine düşünýär. Ol gürleşigiň gowy bolmagy gapma-garşylyklaryň işiň gidişinde ýok edilmeli däl-de, aradan aýrylmalydygyny aýdýar.
Ýerli ýygnak we her bir mesihi görgüleriň gutulgysyzdygy hem-de Mukaddes Kitabyň görgülere garaýşynyň görnüşleri barada oýlananynda, ýeňiş gazanmasy diňe bir mümkin bolman, eýsem hökman bolýar.
Biziň gabat gelýän yzarlanmalarymyz ýa-ha ýüregimizi paralaýar, ýa-da ruhy taýdan ösmegimize ýardam edýär. Bu biziň yzarlanmalara garaýşymyza baglydyr. Gynansakda, adamlaryň aglabasy Hudaýyň yzarlamany öz bähbitleri üçin nädip ulanjak bolýandygyny görmeýärler. Olar emele gelen ýagdaýda nähili artykmaçlygyň bardygyny biljek bolmanyň deregine, görgülere nädogry düşünip, olary inkär edýärler. Ine, biziň durmuşymyzda yzarlanmanyň bolmagyna Hudaýyň näme üçin ýol berýändigi baradaky soraga berlen jogabyň bäş görnüşi.
1. Hudaý bizi dogry ýola gönükdirmek üçin yzarlamany ulanýar.
Käwagt Hudaý bizi hereket etmäge mejbur etmek üçin aýagymyzyň aşagyndaky ýeri ýakmaga mejbur bolýar. Kynçylyklar bilen töweregimizden edilýän basyşlar bize köplenç täze ugurlary görkezip, öňe sary işjeň hereket etmeklige ruhlandyrýar. Belki, Hudaý biziň ünsümizi Özüne çekjek bolýandyr? «Urgularyň salan ýarasy ýamanlyga garşy edilen emdir» (Süleýmanyň tymsallary 20:30). Şeýlelikde, hereket edýän ugruny üýtgetmäge özüni mejbur etmek üçin adam käwagt agyry çekmeli-de bolýar.
2. Hudaý bizi synamak üçin yzarlanmany ulanýar.
Hudaý haçan hem bolsa bir wagt, sizi kyn saýlawyň öňünde goýup synapmydy? Şol saýlawlar siziň içiňizden nämeleri tapdy? «Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň, çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýändigini bilýänsiňiz» (Ýakup 1:2–3).
3. Hudaý bizi düzetmek üçin yzarlanmany ulanýar.
Biz käbir sapaklary agyry we ýeňliş arkaly alyp bilýäris. Biz çagakak ene-atamyz gyzgyn peje degmeli däldigini duýdurýardylar. Ýöne biz bu duýduryşyň manysyna diňe iş ýüzünde, ýagny bir ýerimizi ýakanymyzdan soň düşünipdik. Käwagt biz bir zadyň, mysal üçin, saglygymyzyň, pulumyzyň, gowy gatnaşyklaryň gadryny diňe olary ýitirenimizden soň bilýäris. «Muşakgat çekenim Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin maňa gowy boldy» (Zebur 119:71).
4. Hudaý bizi goramak üçin yzarlanmany ulanýar.
Eger durmuşdaky kynçylyklar özümizi has çynlakaý howpdan goraýan bolsa, onda onuň gizlin ak pata bolmagy mümkin. Geçen ýyl bir dostumy başlygynyň buýrugyny ýerine ýetirmändigi üçin işden çykardylar. Ol başlyk dostumyň etiki normalaryna garşy gidýärdi. Işsizlik dostum üçin uly bir kynçylyk boldy, ýöne firmanyň gizlin işleri häkimiýete aýan bolanda, hut şu kynçylyk ony aýyplama ýöňkelip, türmä salynmakdan halas etdi. «Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi» (Gelip çykyş 50:20).
5. Hudaý bizi kämilleşdirmek üçin yzarlanmany ulanýar.
Eger kynçylyklara dogry garasak, onda olar şahsyýeti kemala getirýär. Abadançylygymyza garanda, biziň şahsyýetimiz Hudaý üçin wajypdyr. Hudaý bilen bolýan aragatnaşyklar bilen biziň şahsyýetimiz — bu özümiziň ýanymyz bilen bakyýete äkitjek ýeke-täk zadymyzdyr. «Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy, çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» (Rimliler 5:3–5).
Bar zadyň özeni aşakdakydadyr: Hudaý biziň durmuşymyzda, hatda özümiziň muňa düşünmedik wagtymyzda hem hereket edýär. Ýöne Hudaý bilen bile hereket etsek, onda Onuň hereketleri has-da täsirli bolýar. Bu ýeňşe tarap barýan ýoldur!
Rollarda türgenleşmek:
Siz edil Abdul ýaly, azatlyk çäklendirilen ýurtda ýaşaýarsyňyz. Siziň ýurduňyzdaky mesihiler ýigrenilýän azlyk bolup durýar. Hökümet başyna mesihilere garşy bolan ekstremistler gelýärler-de, siziň ýygnagyňyzy ýok etjekdigini aýdyp haýbat atýarlar. Olar ýerli ekstremistleri siziň ýygnanyşyk binaňyzy ýakmaklyga aşakdan öjükdirip başlaýarlar. Munuň üstesine-de, mesihileri iş ýerlerinde gysyp başlaýarlar, hatda işden hem çykarýarlar.
Siz muňa nähili gararsyňyz? Sizde edilmeli hereketleriň haýsy görnüşleri bar? Şol görnüşleriň her birini herekete girizmek üçin näme etmeli? Pikirlenip görüň, Abdul nämäni saýlady? Ol dogry karara geldimi ýa-da ýok, muny ara alyp maslahatlaşyň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Bu sapakda getirilen faktlaryň sizi lapykeçlige düşürmegi mümkin. Ýöne mesihi hökmünde siz nähili duýgulary duýmalysyňyz?
2. Siz Mesihiň göreldesine eýerip, güýçli basyşlara nähili garamaly?
3. Gören görgülerimiz nädip Mesihe wepalylygymyzy we Onuň özümiz üçin ejir çekendigi baradaky düşünjämizi berkidip biler?
4. Mesihiler öz işlerini saklajak bolup, özlerini hem maşgalalaryny gorajak bolup, imanyny gizläp bilerlermi?
5. Käbir mesihiler näme etmek bilen yzarlanmany özleri öjükdirip biler? Bu barada özüňizde mysallar barmy?
6. Özüni we maşgalasyny goramak üçin mesihiniň ýarag ulanmagy kanuny zatmydyr? Mukaddes Kitap bu barada näme diýýär? Bu meseläni toparyňyz bilen bile ara alyp maslahatlaşyň.
7. Mukaddes Kitap mesihiniň raýatlyk borjy bilen onuň ýarag götermekdäki ýa-da ýarag götermeden boýun towlamakdaky şahsy jogapkärçiliginiň arasynda tapawut goýýarmy? Bu soragy Mukaddes Ýazgynyň takyk ýerlerine esaslanmak bilen ara alyp maslahatlaşyň.
II-NJI BÖLÜM
Ýygnak
4-nji bap
ÝYGNAK NÄME
Koloseliler 1:18
Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky bir tiräniň garyp mesihileri öz janlaryna uly töwekgelçilik edip, beýleki tiräniň täze imana gelen mesihilerine kömek edýärler. Şondan soň, olaryň ýolbaşçysyny, aýalyny we on ýaşly gyzyny wagyz edendikleri üçin öldürýärler.
Sudan türmesinde bir ruhy çopan bile işleýändiklerinden peýdalanyp, musulmanlardan bolan bir ýaş mesihini sabyrlylyk bilen terbiýeleýär. Bu ýaş mesihi azatlyga çykandan soň, Mesihiň hyjuwly şaýady bolýar.
Hytaýda medeni rewolýusiýa döwründe mesihileriň kiçijik topary her hepdede uly bolmadyk bir dükanyň kiçijik otaglarynyň birinde ýygnanyşýar. Olar dükana gelen islendik adamyň öz seslerini eşiderinden wehim edip, bilelikde sözsüz we sazsyz nagma aýdypdyrlar. Olaryň haýsy hem bolsa birisi, aýdy– myň adyny pyşyrdap aýdýar welin, bütin topar dodaklaryny sessiz gymyldadyp, içinden aýdym aýdypdyr.
Sowet döwründe Russiýadaky mesihi toparlarynyň biri Mesih barada köpçülikleýin wagyz etmek üçin mesihileriň biriniň kiçijik gyzynyň jaýlanyş dabarasyndan peýdalanýarlar. Olar gonamçylyga barýan ýollarynda her ýüz mertde saklanyp, öwgi nagmalaryny aýdypdyrlar. Ýogalan gyzjagazyň kakasy hem Mesihiň berýän gutulyşy barada açyk wagyz edýär. Eşiden sözleri gelen adamlaryň köpüsine güýçli täsirini ýetirýär.
Wýetnamly ruhy çopan Ho Hýe Ha güýçli depginde ösýän ýygnakda hyzmat edendigi üçin alty ýylyny türmede geçirýär. Ol türmede bolan wagtynyň biderek ýere wagt geçirme bolmandygyny aýdýar, sebäbi ol şol wagtyny özi bilen gözenegiň aňyrsynda oturan adamlara gullyk etmek üçin ulanýar. Ol azatlyga çykýança, Mesihe togsan alty adamy getirýär hem-de olary imanda ösdürýär.
Mukaddes Kitapda Ýygnak «Hudaýyň ekin meýdany, Hudaýyň ymaraty», «Mesihiň bedeni», «Onuň öýi» diýlip atlandyrylýar (1 Korintoslylar 3:9; 12:13, 27; Ýewreýler 3:6 seret). Ýygnak şeýle hem Mesihiň gelni we aýaly hökmünde-de atlandyrylýar (Ylham 19:7–9; 21:2, 9; Efesliler 5:22–33 seret). Bu ýönekeý deňeşdirmeleriň hemmesi bize Ýygnagyň ýöne bir bina ýa-da adam tarapyndan döredilen gurama däl-de, ruhy birlikdigine düşünmegimiz üçin berlendir. Ýygnaga şunuň ýaly nädogry düşünmeklik mesihileriň arasynda giň ýaýrandyr. Isa Mesihiň Ýygnagynyň esasan hem ilkinji nobatda ruhy düşünjedigine akyl ýetirmegimiz wajypdyr.
Petrus Isanyň diri Hudaýyň Ogly Mesihdigini ykrar edende, Isa Öz Ýygnagyny şu beýik hakykatyň «daşynyň» üstünde gurjakdygyna, dowzahyň derwezeleriniň oňa garşy durup bilmejekdigine wada berdi (Matta 16:13–18 seret). Täze Ähte laýyklykda Petrusyň edişi ýaly edip, Isanyň Mesihdigini ykrar edýän, Oňa öz Halasgäri we Rebbi hökmünde iman edýän adam «ýokardan dogular» (Ýahýa 3:1–7 seret).
Bu täzeden dogulma adamyň ýüregini Hudaýyň Ruhy üçin açýan ruhy tejribedir. Hudaý açyk duran ýürege girýär-de, şol ýerde ýaşap başlaýar. Şeýdip, adam Hudaýyň «ruhanysy» bolýar-da, Hudaýyň mukaddes barlygyna göni rugsatnama alýar (1 Petrus 2:5–9; Ýewreýler 4:16). Bir adamyň Mesih bilen saklaýan şunuň ýaly gatnaşyklary durşuna ruhudyr, şonuň üçin hem Isa Özüne ynanýan her bir adamy ruhy bedene, ýagny Öz Ýygnagyna birikdirýär.
Mukaddes Kitap Ýygnaga üç sany esasy talapy bildirýär.
1. Mesihe bolan iman.
Biz Isa Mesihe ýokardan dogulmany berýän Reb we Halasgär hökmünde ynanmalydyrys (Ýahýa 3:1–17; 2 Korintoslylar 5:17 seret).
2. Isa iman edýän iki ýa-da üç mesihi.
Bir mesihi Ýygnak bolup bilmez, sebäbi Ýygnak «diri daşlardan» ybarat bolup, köp «agzaly» bedendir (1 Petrus 2:5; 1 Korintoslylar 12:12; Matta 18:20).
3. Isa we birek-birege wepalylyk.
Mesih Ýygnagyň başydyr, şonuň üçin Oňa boýun bolmaýan Ýygnak asla bolup bilmez. Reb mesihileri Mukaddes Kitapda «bina» (Efesliler 2:22 seret) diýlip atlandyrylýan aýratyn gatnaşyklaryň esasynda birleşmeklige çekýär. Mesihiň Özi şu gatnaşyklarda mesihileri birleşdirýär-de, olary biri-biriniň aladasyny etmeklige gönükdirýär (1 Korintoslylar 12:25–26 seret). Şu ýerden hem Ýygnagyň ýöne bir adam guramasy däl-de, Hudaýyň işidigi görnüp dur.
Şu taglymaty öwrendigimizçe, Ýygnak baradaky köp ýalňyş nukdaý-nazarlaryň bardygyny görýäris. Biz bir zady ýatda saklamalydyrys: Ýygnagyň ýöne bir bina däldigi we adam tarapyndan döredilen gurama däldigi sebäpli, onuň başynda adam durmaly däldir. Ol «el goýlan» adamlara ýa-da «gullukçylara» hem mätäç däldir.
Aýdylan zatlar Ýygnagyň öz ruhy çopanlaryna el goýmaly däldigini ýa-da Hudaý tarapyndan Ýygnaga ýolbaşçylyk etme sylagy berlen adamlary Hoş Habary wagyz etme işinden uzaklaşdyrmalydygyny aňlatmaýar. Bu şeýle hem, taýýarlanylmadyk ýa-da tejribesi bolmadyk adamlaryň ýygnaga gulluk etme işinde öz üstüne jogapkärçilik alyp bilýändigini hem aňlatmaýar. El goýmaklyk ruhy sylagyň we Hudaýyň Sözüni çynlakaý öwrenmäniň şaýatnamasy bolan ýagdaýynda Ýygnak üçin gymmatly bolup biler. Ýöne ol artyklygyň ýa-da dini «synplara» bölünmäniň alamaty bolanda, Mesihiň Bedeni üçin çynlakaý päsgelçilik bolar.
Nähili ýagdaý bolanda-da, el goýlan we resmi taýdan yglan edilen adamlar Ýygnakda «hyzmatkär» bolmalydyrlar. Bu zatlaryň barlygy gymmatly zat bolup biler, ýöne Ýygnak yzarlanmany başdan geçirýän pursatynda olar gaty bir wajyp däldir. Döwlet hökmünde ykrar edilen şunuň ýaly ýygnak ýolbaşçylarynyň nikalaşma ýa-da merhumy jaýlama dabarasyny geçirmek üçin gerek bolmagy mümkin. Eýsem, bu iş Mukaddes Kitapda Ýygnagyň esasy işi hökmünde ykrar edilipmi?
Mukaddes Ýazgynyň imanly adamlar hökmünde biziň durmuşymyz barada aýdýan zady «imanly» durmuşa degişlidir. Ýokardan dogulmanyň we ýüregimizde Mukaddes Ruhuň barlygy biziň gündelik durmuşymyzda görünmelidir. Mesihe boýun bolma we beýleki mesihileriň abadançylygyna wepalylyk diňe bir düzgün bolmaklygyna galman, eýsem beýleki mesihileriň durmuşyna hökman täsirini ýetirmelidir.
Isa Mesih Öz Ýygnagyny bäş zady etmeklige borçly etdi. Biz Hoş Habary wagyz etmelidiris (Matta 28:19), şägirt terbiýelemelidiris (Matta 28:20), Hudaýyň söýgüsini görkezip, adamlara hyzmat etmelidiris (Matta 22:39; Efesliler 4:12), biri-birimiz bilen gatnaşykda bolmalydyrys (Efesliler 2:19; Galatýalylar 6:10) we bilelikde Hudaýa sežde etmelidiris (Matta 4:10; Ýahýa 4:23). Bu işleriň hiç biri-de beýlekisinden artykmaç däldir, olaryň hemmesi-de deň derejede wajypdyr.
1. Hoş Habary wagyz etme
Eger biz hakykatdan hem, Mesihi Reb we Halasgär hökmünde tanan bolsak, onda bu ajaýyp duýgularymyzy söýýän adamlarymyz bilen hökman paýlaşasymyz geler. Käwagt Hoş Habary ýakynlarymyza ýa-da dostlarymyza wagyz etmekligiň kyn we oňaýsyz iş ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne, eger biz töweregimizdäki adamlary hakykatdan hem söýýän bolsak, olaryň Mesihsiz bakyýetde ejir çekjekdiklerine ynanýan bolsak, onda ýakymsyz medeni ýa-da syýasy ýagdaýa garamazdan, olara hökmany suratda Hudaý barada gürrüň berip başlaýarys.
Dogumly adamlar Hoş Habary dostlarydyr ýakynlary bilen söýgi hem hormat içinde paýlaşmaga hemişe-de mümkinçilik tapýarlar. Hudaýyň halas etme babatdaky maksady barada gürrüň bermäge höwesli bolmaklyk biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyzyň iň wajyp subutnamalarynyň biri bolup durýandyr. Mundan başga-da, bu Ýygnagyň esasy işleriniň biridir.
2. Şägirtleri terbiýeleme
Ýakynlarymyzdan biriniň Mesihe gelen badyna, biz oňa Rebde ösmäge kömek etmelidiris. Günbatar ýurtlarynyň döwlet ybadathanalarynda yzygiderli ybadathana gatnamak we wagyz sözlerini diňlemek bilen möhüm bolan zatlaryň hemmesini adamyň özi öwrenip bilýär diýip hasaplanylýar. Munuň ýaly nukdaý-nazaryň aňyrsynda çynlakaý ýalňyşlyk gizlenip ýatandyr. Käbir medeni däp- dessurlara laýyklykda, bir adamyň janyny halas eden kişi, halas eden adamy üçin jogapkärçilik çekýär. Bu mesihiler üçin gowy görelde bolup biler. Eger biz birini Mesihdäki täze ýaşaýşa getiren bolsak, onda onuň Mukaddes Kitabyň näme öwredýändigini bilmegi üçin jogapkärçilik çekýäris.
Mukaddes Kitap ruhy ösüş üçin, gürrüňsiz, wajypdyr, şonuň üçin hem köp mesihiler Rebbe getirmekçi bolýan adamlarynyň hemmesine derrew Mukaddes Kitaby sowgat bermäge çalyşýarlar. Russiýa ýa-da Hytaý ýaly ýurtlardaky mesihiler uzak ýyllaryň dowamynda Mukaddes Kitapsyz ýaşadylar. Bu olar üçin gaty kyn ýagdaý bolupdy. Olar ozal mesihi radio gepleşiginde ýa-da başga bir ýerde eşidip ýat tutan adamlardan Mukaddes Kitap aýatlaryny eşidip ýat tutdular. Uzak wagtyň dowamynda Mukaddes Kitapdan mahrum bolan mesihileriň arasyndaky bu kitaba bolan teşnelik onuň mesihi durmuşy üçin wajyplygyny aýdyň görkezýär.
Özleri üçin oňaýsyz ýagdaýly bolan ýurtlarda ýaşaýan mesihiler Mukaddes Kitaby saklamakda we ony öwrenmegi dowam etdirme isleginde diýseň ugur tapyjy bolýarlar. Käbir ýagdaýlarda olar Mukaddes Kitabyň her bir Kitaby aýratyn kitapçajyk bolary ýaly, ony böleklere bölýärler. Mukaddes Kitaby ýok etmek isleýänleriň hemmesi ony munuň ýaly ýagdaýda tanamaga ukyply däldirler. Mundan başga-da, şunuň ýaly ýagdaýda Mukaddes Kitabyň bir nusgasyndan bir wagtda köp adam peýdalanyp biler. Ýagdaýlar nähili bolanda-da, täze iman eden adamyň Mukaddes Kitaby yzygiderli öwrenmegi hökmandyr.
Mukaddes Ruh imanly adamlaryň toparyny bir ýere ýygnap, Ýygnak guranda, Ýygnagyň bäş işi ýerine ýetirmesi, ýagny Hoş Habary wagyz etmekligi, Mukaddes Kitaby öwrenmesi, gatnaşykda bolmasy, hyzmat we sežde etmesini olaryň bir Ýygnakda birikmesiniň subutnamasy bolýar. Resmi bolmadyk kiçijik ýygnanyşyklar bile sežde etmeklige we gatnaşyklara begenýärler, ýöne olara Mukaddes Kitaby öwrenmeklik we ony töweregindäki dünýä wagyz etmeklik kyn bolýar. Şeýle-de bolsa, bu işleriň hiç haýsysyny hem hiç bir ýagdaýda-da äsgermezlik etmek bolmaz.
Eger ýurtda Mukaddes Kitap boýunça bilim berýän merkezler ýapylsa, onda ýerli ýygnaklar hökmany suratda mesihilere Hudaýyň Sözüni öwretme borjuny öz üstüne almalydyrlar (1 Timoteos 2:2). Munuň ýaly okuwy bir adam bilen geçmek hem bolýar. Şonda kämil mesihi bilen ýaş imanly adam şu maksat üçin özbaşdak duşuşyp bilerler.
Ýaş ýygnaklaryň ýolbaşçylarynyň taýýarlygy hut şunuň ýaly tär bilen geçendigi baradaky mysallar Mukaddes Kitapda köpdür. Mesihiň Öz şägirtlerine öwredendigi baradaky göze görnüp duran mysaldan başga-da, biz Mukaddes Kitapda Barnabasyň Markusa öwredendigi (Resullaryň işleri 12:25; 15:39 seret), Priskilla bilen Akilanyň Apollosa kömek edendikleri (Resullaryň işleri 18:24–26), Pawlusyň bolsa Timoteosy gulluga taýýarlandygy (Resullaryň işleri 16:1–3 seret) baradaky mysallary görýäris.
Pawlus ýaş şägirtleri «terbiýelemekdäk» öz tärlerini has takyk suratlandyrýar. Birinjiden, ol olara şahsy göreldelerini öwredýär (1 Korintoslylar 4:16 seret). Ol mundan başga-da, özüni şägirtlerine doly bagyş edýär. Ol şägirtleri bilen bile ýaşaýar we elinde bar zatlarynyň hemmesini olar bilen deň paýlaşýar (Resullaryň işleri 20:34 seret). Onuň şägirtleri bilen bolan gatnaşyklary «mugallym/okuwçy» düzgüni boýunça gurulmady. Şol gatnaşyklar has berk we ýakyn gatnaşyklar bolupdy (1 Timoteos 1:1–2 seret). Pawlus eýýäm öwredip başlan döwrüniň dowamynda olaryň üstüne belli bir jogapkärçiligi goýdy we olaryň özleri ruhy çopan bolup ýetişenden soň hem gatnaşyk saklady (1 we 2 Tomoteos hem-de Titusa hata seret).
3. Adamlara hyzmat etme
Biz mesihiler hökmünde beýleki adamlaryň ruhy mätäçliklerine düşünmelidiris we mümkin boldugyça imandaky doganlarymyza bolşy ýaly, töweregimizdäki imansyz adamlara hem kömek etmäge hemişe taýýar bolmalydyrys. Käwagt goldaw we makullama sözi ýa-da kiçijik hem bolsa, bir gowy iş Mesihdäki doganymyzyň duşmanyň çozuşlaryna garşy durup bilmeginde aýgytlaýjy ýagdaý bolup biler. Hyzmat etmeklik beýleki adamlaryň mätäçliklerini kanagatlandyrmak ýa-da Isanyň ady arkaly olaryň ýaralaryna şypa bermek bilen Hudaýyň söýgüsini görkezmekdir. Her gezek beýleki adamlar üçin söýgüde bir zatlar etmäge jan eden wagtymyzda, biz olara hyzmat edýäris. Ýygnak mukaddesleri hyzmata taýýarlamalydyr (Efesliler 4:12).
4. Biri-birimiz bilen gatnaşyk
Biz mesihiler hökmünde diňe bir Isa Mesihe iman etmäge däl-de, eýsem Oňa doly degişli bolmaklyga hem çagyrylandyrys. Bu bolsa, biziň beýleki mesihilerden üzňelikde öz başymyza ýaşap bilmejekdigimizi aňladýar. Biz Mesihiň Bedeniniň hakyky agzalary, Hudaýyň maşgalasynyň bir bölegi bolmaklyga çagyrylandyrys. Şonuň üçin wagtyny bile geçirmeklik, ruhy ýaşaýyşdaky öz tejribelerini paýlaşmaklyk we birek-biregi goldamaklyk mesihiler üçin örän möhüm zatdyr.
Şunuň ýaly gatnaşyga päsgel bermek üçin şeýtan islendik mümkinçiligi ulanýandyr. Mesihileriň biri-birini berkitmelidigini ol bilýär, şonuň üçin hem olaryň arasynda bar bolan tapawudy garjaşdyrmak ýa-da şu maksady üçin gabat gelen ýagdaýlary ulanmak bilen gatnaşyklara päsgel bermeklige jan edýär (Ýewreýler 10:24–25). Reb mesihileri goldamak üçin resmi bolmadyk, hatda tötänden bolýan duşuşyklary hem ulanýar. Munuň ýaly ýagdaý aýratyn hem, resmi ýygnanyşyk geçirmek we köp sanly toparlarda duşuşmaklyk gadagan edilýän halatlarda bolup bilýär. Uly ýygnanyşyklar, elbetde, örän peýdalydyr, ýöne düzgün bolşy ýaly, has degerli kömegi kiçi toparlarda ýüzbe-ýüz gürrüňdeşliklerde berip bolýar, sebäbi ol ýerde adamlaryň takyk mätäçliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp bolýar.
5. Bile sežde etmeklik
Çyn mesihileriň hemmesi-de öz borçlaryny we Hudaýa sežde etme hukugyny boýun alýarlar. Bu düşünje ýüregimizde ýaşap, bütin durmuşymyzyň dowamynda biziň bilen bolmak üçin Mukaddes Ruh kalbymyza aralaşan pursatynda başlanýar. Her bir mesihi Rebbe ýekelikde sežde edişi ýaly, her gezek mümkinçilik bolanda, ýygnakda beýleki imanlylar bilen bilelikde hem sežde etmelidir. Biz Rebbe Özüniň Hudaýdygy üçin, biziň hemmämiz üçin ýaradylyşda we halas etme işinde eden zatlary üçin, gönüden-göni her birimize eden zatlary üçin minnetdarlyk bildirip bileris. Mukaddes Kitapda imanlylaryň Hudaýa sežde etmelidigi aýdylýar-da, näme üçin beýle etmelidikleri düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, ol ýerde nädip sežde etmelidigi barada takyk zat aýdylmaýar. Ýygnakda butparaz dinlerinde ulanylýan köp dürli sežde etmelere (şekiljiklere sežde etmeklige, özüňi gynamaklyga, bedeni öldürmeklige, mallary gurban getirmä we şuňa meňzeş dessurlara) ýol berilmeýandigi göze dürtülip durandyr.
Hudaýa ýygnakda sežde etmekligiň manysy Oňa öwgi aýtmakda jemlenilmelidir. Bu durmuşymyzyň ýagdaýlary bilen baglanyşykly bolmagy hökman bolmadyk erkimiziň aktydyr. Başga sözler bilen aýtsak, biz Hudaýy, hatda ýakymsyz ýagdaýlaryň sütemi astyndakak hem şöhratlandyrmalydyrys. Bu Onuň hudaýlyk erkine boýun bolma we Rebbiň göwnüne ýaramaga jan etme aktydyr (Mezmur 67:44; Ýewreýler 13:15; Çykyş 12:4 seret).
Sežde etmäniň adamyň Hudaýa bolan gatnaşygy bolup durýandygyny, daşky görnüşde bolsa, dilegde, dyza çökmede, nagma aýtmada aňladylýandygyny ýatda saklamak gerekdir. Mesihileriň aglaba böleginiň hakyky we ýürekden sežde etmeginde saz uly roly oýnaýar. Mesihileriň sežde etmeleriniň görnüşleri olaryň medeni dessurlaryny görkezmelidir. Olar şol dessurlaryň kömegi bilen Hudaýa goýýan hormatyny görkezip bilerler, ýöne ol dessurlar Mukaddes Kitap görkezmelerine garşy bolmadyk ýagdaýynda şeýle bolup biler.
Irki Ýygnak yzarlanma döwründe-de hemişe özüniň esasy bäş işini ýerine ýetirdi. Geliň, yzarlanmalara garamazdan, Ýygnagyň bu meseläniň hötdesinden gelşine seredeliň.
Ilkibaşda Ýygnak peýda bolanda, häkimiýetler jemgyýetçilik ýygnaklaryny geçirmäge rugsat berýärdiler. Petrus Pentikost gününde (Resullaryň işleri 2:l–41 seret) we ybadathanada bir otura gedaýa şypa berenden soň (Resullaryň işleri 3:1–26 seret) müňlerçe adamyň öňünde wagyz etdi. Birneme wagt geçenden soň, mesihilere Isa barada gürlemekligi gadagan etdiler. Olar boýun bolmakdan ýüz öwrenlerinde bolsa (Resullaryň işleri 4:1–31 seret), yzarlamalar başlandy. Jemgyýetçilik ýerlerinde Ýygnak geçirme işleri kem-kemden hususy öýlerde geçirildi (Resullaryň işleri 5:42 seret). Şol wagt mesihileriň köpüsi Iýerusalimden gaçyp gitdiler. Mesihiler dargan ýerlerine-de özleri bilen Hoş Habary alyp gitdiler (Resullaryň işleri 8:4 seret). Bu ýerde gürrüňiň resullar däl-de, adaty mesihiler barada barýandygyny bellemek gerekdir (Resullaryň işleri 8:1).
Mesihileriň dargamagynyň netijesinde, olar wagyzçylar boldular-da, ykrar edilen resmi Ýygnagyň kömegi bolmasa-da, beýleki adamlara ýüzbe-ýüz durup, Hoş Habary wagyz etdiler. Şeýlelikde, yzarlamalar Ýygnagy ýok etmedi-de, gaýtam onuň berkemegine we agzalarynyň köpelmegine ýardam etdi. Şundan soň Petrusa Kornelius we onuň öýünde ýygnanyşan dostlarydyr dogan-garyndaşlary bilen gürleşmeklik buýruk berildi (Resullaryň işleri 10 seret).
Bu wagt Pawlus eýýäm iman edip, butparazlara Isa barada wagyz etmek bilen öz gullugyna başlapdy. Ol ilkibaşda sinagogada wagyz edip başlady, ýöne özüniň aýdanlaryny ret edenlerinde, ol adamlaryň özüni diňlemäge taýýar bolan hemme ýerinde ders berip ugrady. Mysal üçin, ol Korintosda bu iş üçin biriniň hususy öýüni ulandy (Resullaryň işleri 18:1–7 seret). Ol Efesde öz diňleýjilerini bir okuw jaýynda ýygnaýardy (Resullaryň işleri 19:1–10 seret). Filipide bolsa, ol derýanyň kenarynda ders berýärdi (Resullaryň işleri 16:12–13 seret).
Irki mesihiler Isanyň halas ediji güýji barada hemişe we mümkin bolan hemme ýerlerde wagyz etdiler. Bir zady bellemeklik geň galdyryjy zat bolardy: şol wagtlarda Mukaddes Ýazgynyň sany örän azdy, şeýle-de bolsa, irki Ýygnak öz taglymatyny doly Hudaýyň Sözüne esaslandyrýardy. Şonda olaryň Mukaddes Kitap aýatlaryny ýatdan aýdandyklary göze dürtülip duran zatdyr. Yzarlanylýan ýurtlarda ýaşaýan mesihiler şu Hoş Habary wagyz etme düzgünleri bilen ýaraglanmalydyrlar. Her bir mesihi çalaja mümkinçilik bolan ýerde diňe Mukaddes Ýazga we Mukaddes Ruhuň güýjüne daýanyp, Mesih barada gürrüň bermelidir.
Isa Mesihdäki gutulyş baradaky Hoş Habary wagyz etmäniň üstüni ýetirip aýtsak, irki Ýygnak hem täze iman edenlere ders beripdir (we terbiýeläpdir). Ders berende olaryň nirede duşuşandyklaryny biz bilmeýäris, sebäbi olary sinagoga indi salmaýardylar. Olaryň hususy öýlerde duşuşan bolmaklary mümkin.
Resullaryň işleri kitaby bize mesihileriň Mesihiň Hoş Habaryny wagyz edensoňlar, şägirtleriň şondan soňky terbiýesi bilen meşgullanmaga çalşandyklaryny gürrüň berýär. Iýerusalim Ýygnagy şu maksat bilen Barnabasy Antakiýa iberýär (Resullaryň işleri 11:25–26 seret).
Pawlus ozal üstünlikli wagyz eden şäherine iman edenleri berkitmek we ruhlandyrmak üçin ýene-de dolanyp gelýär (Resullaryň işleri 14:21–23). Birneme soňrak Iýerusalime gaýdyp gidiş ugruna şol şäherlerde ýene saklanyp geçýär (Resullaryň işleri 20:6–8). Hatlara berlen düşündirişlere garasak, Ýahýa bilen Ýakubyň hem şägirt terbiýelemek bilen meşgul bolandygy aýdyň bolýar duruberýär. Köp ýagdaýlarda munuň ýaly mugallymçylyk mesihiniň eden iň gymmatly işi bolup durýär. Bu duşmançylykly şertleri bolan ýagdaýlarda edip boljak iň wajyp işdir.
Munuň ýaly mugallymçylyk dürli wagtda we dürli ýerlerde edilip bilner. Şonda sapaklaryň dowamlylygy dürli wagtly bolup biler, sebäbi azatlygyň ýoklugy toparlarda sapak geçirmäge päsgel berýär.
Şägirtleri taýýarlama wagtynyň we ýeriniň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Toparyň kiçi bolanlygynyň ýa-da onda bary-ýogy bir adamyň bolanlygynyň hem tapawudy ýokdur. Ýöne okuwyň Hudaýyň Sözüne esaslanmagy we onuň Mesihdäki doganlary mesihilik gullugynda berkitmeklige we ruhlandyrmaga gönükdirilen bolmagy wajypdyr.
Hoş Habary wagyz etmä we ders bermä garanda, irki Ýygnakdaky gatnaşyklary kesgitlemek kynrak bolýar, sebäbi ol gatnaşyklar esasan hem biri-birlerine çyn ýürekden ysnyşyklylygy beýan edýär.
Resmi ýygnaklar özleriniň iş programmasyna hepdelik gatnaşyklary girizip biler, ýöne bu gatnaşyklaryň hakyky boljaklygy ýa-da dälligi diňe mesihileriň biri-birlerine çyn ýürekden edýän gatnaşyklaryna baglydyr. Irki Ýygnakdaky gatnaşyk esasan hem umumy «naharlanma» bilen bagly bolupdyr. Şol wagt Rebbiň agşamynyň möhüm bölegi hem «çörek döwmeklik» bolupdyr (Resullaryň işleri 2:42, 46).
Korintos ýygnagynyň tejribesinden biz peýdaly bolan bir sapagy alyp bileris. Bu ýygnakdaky gatnaşyk Iýerusalimdäki göçgünli ýygnagyň gapma-garşylygy bolup durýardy. Korintoslylarda hiç hili gatnaşyk ýokdy, sebäbi olar bölünişikdediler. Olaryň «Rebbiň agşamy» çäresi hem gatnaşygyň deregine boş jedellere ýazýardy (1 Korintoslylar 11:17–30 seret).
Iýerusalim ýygnagy öz meselelerini söýgüde çözýän bolsa, korintos ýygnagy, hatda imandaky doganlaryny hem butparazlaryň ýanyna kazylaşmaga alyp barýardylar (1 Korintoslylar 6:1–8 seret). Iýerusalimdäki mätäçlik çekýän mesihiler üçin sadaka ýygnamaklyk olar üçin kyn zatdy (2 Korintoslylar 8:6, 10–11; 9:15). Bu bolsa geň galarlykly zat däldi. Eger olaryň öz ýygnagynda gatnaşyk hem duýgudaşlyk ýok bolsa, onda Iýerusalimdäki nätanyş doganlaryna nädip duýgudaşlyk edip bilsinler (1 Ýahýa 4:20 seret). Pawlusyň Korintosdaky ýygnaga ýazan haty könelip giden şol meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.
Täzeäht mesihileriniň gatnaşygy açyk ruhlulykda, söýgüde we birek-biregiň aladasyny etmekde geçýärdi. Olaryň özara gatnaşyklary belli bir programmalaryň çäklerindäki ýygnanyşyklara, guramalara, işlere bagly däldi. Olar biri-birleriniň ýüküni çekip we biri beýlekisi üçin dileg edip, biri-birlerine kömek edýärdiler. Şunuň ýaly özara gatnaşyklar rim häkimiýetiniň mesihilere berýän päsgelçiliklerine garamazdan ösmegini dowam etdirýärdi.
Döwletiň Ýygnak babatdaky garşydaşlygy zalymlaşdygyça, hakyky gatnaşyklar Mesihiň Bedeni üçin uly ähmiýete eýe bolýardy. Mesihileri bu dünýäde biri-birine bolan söýgüsi boýunça tanap biljekdirklerini Mukaddes Kitap aýdýar (Ýahýa 13:35 seret). Birek-birege bolan söýgi imanyň daşky görkezilişiniň örän güýçli aňlatmasy bolup biler.
Nahar wagty material tarapdan gurply bolan mesihiler özleriniň baý saçagyndaky nygmatlary paýlaşmak bilen imandaky beýleki doganlaryna hyzmat edýärdiler. Şunuň ýaly edip, ak patalara bilelikde gatnaşmaklyk söýginiň we aladanyň şaýatlygy bolup durýandyr (Resullaryň işleri 2:41–42, 44–47; 4:34–35 seret).
Birnäçe dul aýal azyk paýlanylan mahaly özleriniň äsgerilmezlik edilýändiklerini aýdyp, arz edende, Iýerusalim ýygnagynyň hem şu jähtiniň üstüne howp abandy (Resullaryň işleri 6:1–4 seret). Ýöne bu meseläni hyzmatçylary bellemek bilen derrew çözdüler. Hyzmatçylar mesihileriň özara gatnaşygyna ýardam etme wezipelerini jany-teni bilen ýerine ýetirip başladylar. Bu ýygnakda mätäçlik çekýän agzalaryň aladasynyň edilendigini biz görýäris. Bu işleriň töwerekdäki adamlara hem täsirini ýetiren bolmagy ahmal, sebäbi Mukaddes Ýazgyda olaryň «il ýanynda eziz görlendikleri» aýdylýar (Resullaryň işleri 2:47 seret).
Başga şäherlerdäki ýygnaklar birnäçe gezek Iýerusalimdäki imanlylar üçin maddy kömekleri goýberýärler. Bu fakt şu ýygnaklara degişli bolan, ýöne biri-birlerini hiç haçan görmedik adamlaryň arasyndaky berk gatnaşyklaryň subutnamasydyr.
Resul Ýahýa şunuň ýaly özara gatnaşyklar we söýgi barada ýazyp, olaryň jahankeşdelik edýän hoş habarçylara goldaw berýändigini aýdýar (3 Ýahýa 1:8). Häzirki zaman ýygnaklary hem öz wagyzçylarynyň ýol çykdajylaryny tölände ýa-da daşary ýurtlara Mukaddes Kitaplary we okuw materiallaryny goýberende, şu göreldä eýerýärler.
Girdejimiziň ondan birini berme ýa-da bar bolan zatlarymyzy Mesihiň Bedeni bilen paýlaşmaklyk hem Ýygnagyň ähli agzalarynyň mätäçliklerini kanagatlandyrma işinde kömek edýär (Resullaryň işleri 4:34–35; Lewiler 27:30–32; Ýewreýler 7:4–5).
Galyberse-de, sežde etmekligiň üsti bilen Hudaýyň şöhraty, mukaddesligi we hyzmatlary ykrar edilýär hem-de kabul edilýär. Sežde etme akty şol ykrar etmäni aňladýandyr. Täzeäht ýazarlarynyň hemmelerem sežde edip bilýändir diýip çak eden bolmagy-da mümkin. Olar irki mesihileriň nädip sežde edendikleriniň birnäçe mysalyny görkezdiler. Hemme zatdan görnüşine görä, Rebbiň saçagyna gatnaşmaklyk sežde etmäniň iň ýokary derejesi bolupdyr. Olar dilegde Mesihi we Onuň biziň günälerimiz üçin gurbanlyk bolan haçdaky ölümini ýatlap, Hudaýa sežde edipdirler.
Iýerusalim Ýygnagy Rebbiň saçagy çäresini bilelikde geçirerden diýseň uly bolupdyr, şonuň üçin hem mesihiler öýlerinde sežde edipdirler (Resullaryň işleri 2:41–47 seret). Ýöne Troasdaky imanlylar her hepdäniň birinji güni «çörek bölme» geçirmek üçin balahanada ýygnanyp bilipdirler (Resullaryň işleri 20:6–9 seret).
Korintosdaky ýygnak özüniň ululygyna garamazdan, Rebbiň saçagyna gatnaşmak üçin bile ýygnanypdyrlar. Hut şu syry hyýanatçylykly ulanmaklyk hem Pawlusy olara esasy düzgünleri düşündirmäge mejbur edipdir. Şol düzgünlere biz Pawlusyň Korintoslylara ýazan birinji hatynda duş gelip bileris (11:17–30).
Mukaddes Ýazgyda sežde etmäniň başga görnüşleri hem görkezilipdir. Muňa mysal edip, Petrusyň dilegini (Resullaryň işleri 4:23–28 seret) we Pawlus bilen Silasyň türmede bolmasyny (Resullaryň işleri 16:23–25 seret) getirmek bolar. Irki Ýygnakdaky sežde etme hem edil Köne Ähtdäki Musanyň we Dawudyň seždeleri ýaly, ýygy-ýygydan we öz-özünden bolandyr diýip çaklamak bolar. Ol hormatyň we öwginiň çyn ýürekden çykandygynyň aňlatmasy bolupdyr. Sežde etmekde wagt, ýer we görnüş dogrusynda berk talaplar bildirilmändir.
Irki Ýygnakdaky sežde etmeklik, ýagdaýlara asla üns bermezden, Rebde şatlanýan minnetdar ýüregiň dolup daşmasy bolupdyr. Munuň ýaly sežde etmäni saklamaga ýa-da bes etdirmäge hiç kimiň güýji ýetmez. Mesihileriň toparlary duşmançylykly ýagdaýlarda ýygnak binasyna, belli bir wagta, öňden işlenilip düzülen programma baglanyşan bolman, şunuň ýaly ýönekeý şertlerde sežde edip bilerler.
Ýygnagyň öňünde goýlan maksatlar bilen baglanyşyklykda Mesihiň Ýygnaga berjaý etmekligi tabşyran çäreleriniň, ýagny Rebbiň agşamynyň we Suwda Çümdürmäniň syrlaryny ýatlamak gerek (Luka 22:19; Matta 28:19 seret). Bu sežde etmäniň örän wajyp jähtleridir, bu Mesihe boýun bolup ýaşaýan Ýygnagyň durmuşyndaky esas bolup durýan jähtlerdir. Olary her gezek mümkinçilik bolanda berjaý etmek gerekdir.
Bu iki syryň ýygnagyň bäş işiniň hemmesini-de görkezýändigini bellemek gyzykly bolsa gerek. Olar beýleki adamlara biziň Mesihdäki derejämize (Hoş Habary wagyz etmä) şaýatlyk edýär. Olar beýleki adamlara şu derejäniň esasyna (şägirtçilige) düşünmeklige kömek edýär. Olar mesihileri öz şaýatlyklarynda we Hudaýyň söýgüsini bilelikde başdan geçirmekde (gatnaşykda) birleşdirýär. Olar şeýle hem, biziň ünsümizi Mesihde (hyzmatda) jemleýär.
Mukaddes Kitapda şu iki syryň mysalyndan başga Ýygnagyň bäş işini durmuşa geçirmäge kömek edip biläýjek usullar barada diýseň az gürrüň berilýär. Dünýäniň ýaş ýygnaklarynyň durmuşynda esasan hem günbatar ýygnaklarynda kabul edilen usullar gaýtalanylýar. Şonuň üçin hem olar biziň Täze Ähtde okaýan zadymyzdan, ýagny Mesihdäki ýönekeýlikden daşda bolýarlar.
Ullakan binalardan peýdalanmaklyk, ýygnagyň içindäki kyn gurluşly gurama, köp maksatly programmalar, mekdepleri, çagalar öýlerini, keselhanalary we beýleki durmuş taýdan guramalary maliýeleşdirýän uly býudjet diňe ykdysadyýeti güýçli bolan, ýygnak guramalarynyň çäklendirilmeler çekmeýän ýurtlarynda mümkin bolup biler.
Reb dünýäniň köp ýurtlarynda şunuň ýaly işlere ak pata berdi. Şeýle-de bolsa, biz zady boýun almalydyrys, munuň ýaly işjeňlik Ýygnagyň hereket etmegindäki aýgytly faktor däldir. Munuň ýaly işjeňlik käbir ýurtlarda häkimiýet tarapyndan gadagan edilýär, başga bir ýurtda bolsa, kynçylykly ykdysady ýagdaý sebäpli mümkin bolmaýar. Şonda-da, Ýygnak şol ýerde-de gülläp biler, sebäbi ol daşky faktorlara bagly däldir. Mesihileriň muňa düşünmedik ýagdaýynda bolsa, olarda örän çynlakaý kynçylyklar peýda bolýar.
Birnäçe ýyl mundan ozal Wýetnamdaky käbir ýygnaklaryň baştutanlary ýygnagyň işi üçin maliýe mümkinçilikleriniň ýoklugy öz ýurtlaryndaky mesihileriň sanynyň haýal ösmegine sebäp bolandyr diýip pikir etdiler.
Bir gezek, häkimiýet başyna kommunistler gelmezinden öň, men şunuň ýaly gürrüňi eşitdim.
— Biziň ýurdumyzda kommunistler barmy? — diýip, ýygnaga gelen bir adam sorady.
— Hawa, elbetde, — diýip, ruhy çopan jogap berdi.
— Kommunistleriň sany köpelip, olaryň täsiri güýçlenýärmi?
Ruhy çopan näme jogap berjegini bilmän, ikirjiňlenip durdy-da, soň gussa bilen boýun alyp:
— Hawa, olaryň sany örän tiz köpelýär, — diýdi.
— Siz olaryň ýygnak geçirýän ýerlerini we ýolbaşçylaryny taýýarlaýan mekdeplerini görkezip bilermisiňiz? — diýip, gelen adam sorag bermesini dowam etdirdi.
— Elbetde, ýok. Eger bu zatlar häkimiýete belli bolaýsa, onda olary tussag ederler, — diýip, ruhy çopan jogap berdi.
— Siz bu jaýy ýa-da hususy zady bolmadyk, şeýle-de bolsa, san taýdan ösýän gizlin gurama diýjek bolýarmysyňyz? — diýip, ol adam geň galyp sorady.
— Hawa diýse-de bolar, — diýip, ruhy çopan jogap berýär.
— Diýmek, olaryň ösüşi we täsir ýetirmesi munuň ýaly zatlara bagly däl. Eger kommunistler öz nukdaý-nazarlarynda ýalňyşýan bolsa, şonda-da, pulsuzam, jaýsyzam san taýdan köpelýän bolsa, onda siz näme üçin Isa Mesihiň Ýygnagy bu zatlara mätäçdir diýip pikir edýärsiňiz?
Eger Hudaý bize kyn ýagdaýlary goýberýän bolsa, olary Hudaýyň şöhraty üçin ulanyň. Eger beýle edip bilmeseňiz, ýatda saklaň, täzeäht Ýygnagynyň hiç zady-da ýokdy, şonda-da bütin dünýäni agdar-düňder etmäni başardy. Irki Ýygnak Ýygnagyň işlerini onuň etmeli işiniň usullary bilen çalşyrmady. Eger şeýle edilmedik bolsa, Ýygnak ýehudy legalizminiň gysajynyň içinde, ýagny kanuna wepalylygyň öňünde ýok bolup giderdi. Irki Ýygnaklar jaý salynjak bolup, özlerini azara goýmadylar we jaýyň ýoklugyndan ejir hem çekmediler. Mesihiler rugsat berlen wagty jemgyýetçilik ýerlerinde duşuşýardylar. Ýöne ýygnanyşmaklyk gadagan edilenden soň, öýden-öýe gatnaýardylar.
Resul Pawlus sinagogalar özi üçin açyk bolan wagty şol ýerde ders berýärdi, ýöne ol ýerden kowlandan soň, ol özüniň ders berme işini hususy öýlere geçirdi. Käwagt ol şägirtleri bilen derýanyň kenarynda ýa-da bazar meýdançalarynda duşuşýardy. Onuň ýanynda mesihileri sežde edilýän ýere çagyrýan görkeziji bellikler ýa-da reklama tagtalary ýokdy, ýöne olar gatnaşyk saklaýan beýleki mesihileri tapýardylar. Bu ýönekeý gurluşyň wajyplygy resullaryň işleri kitabynda görkezilendir (13:1–4 seret).
Antakiýadaky ýygnak özüniň Hudaý bilen gatnaşyklarynda hiç hili guramaçylykly ýolbaşçylygy-da hasap etmändir. Haçanda Mukaddes Ruh Pawlus bilen Barnabasy wagyzçy edip saýlanda, Antakiýadaky ýygnak öz maksadyny amala aşyrmak üçin ýene-de kimdir birinden rugsat soramaly bolmandyr. Olaryň işine hiç hili kyn programmalaram, proýektlerem päsgel bermändir. Ruhy çopanlar olar üçin diňe dileg edip, Hoş Habary wagyz etmäge ugradýarlar.
Şol günlerde Ýygnakda wagyzçylyk merkezleri bolmandyr, ýöne ýokary wagyzçylyk işjeňligi bolupdyr. Ullakan maliýe çeşmeleri-de bolmandyr. Wagyzçylaryň mätäçliklerini ýerli girdejiler kanagatlandyryp bilipdir. Seminariýalaram, Mukaddes Kitap mekdepleri-de bolmandyr, şonda-da hakykat Mesihiň taglymatyny kabul edip, ony öz gezeginde beýlekilere öwreden wepadar adamlara berlipdir (2 Timoteos 2:2 seret). Muny aýtmak bilen men wagyzçylary saýlaýan ýygnak ýolbaşçylygynyň gymmatyny kiçeltjek bolamok. Ýygnak her neneň kiçi bolanda-da, beýle edip bolmaz. Hudaý Ýygnagy biziň ruhy taýdan goralmagymyz üçin dikeltdi.
Islendik ýerli ýygnagyň Hoş Habary wagyz etmek, şägirt taýýarlamak, ýygnanyşyk, gatnaşyk we sežde etmek boýunça işlerini däbe öwrülen usullar bilen etme mümkinçiliginden daşarda-da edip bolýandygyna düşünmeklik diýseň wajyp zatdyr. Bu Hudaý tarapyndan ýygnalan mesihileriň islendik toparynyň iň oňaýsyz ýagdaýlarda-da berk durup biljekdigini aňladýar. Ýöne görnüşleridir usullary Ýygnagyň etmeli işi bilen çalşyranlarynda, şol görnüşler hem usullar Ýygnagyň işjeň durmuşyndaky päsgelçilik bolar.
Häzirki döwürde ýer ýüzünde Günbatar Ýygnagynyň işine mahsus bolan görnüşleriň we usullaryň gadagan edilýän ýerleri-de bar. Käbirleri munuň netijesinde Ýygnak ýaşap bilmez diýip pikir edýär. Bu beýle däl! Rim imperiýasynyň höküm süren döwründen bäri köp hökümdarlar Ýygnagyň durmuşyndaky görnüşleri we usullary üstünlikli ýok edip bildiler, emma olaryň hiç haýsysy-da Mesihiň Ýygnagynyň özüni ýok edip bilmedi. Eger siz ruhy Ýygnagyň Mukaddes Kitap özenine wepalylygy saklap bilseňiz we onuň işlerini ýerine ýetirseňiz, onda sizem, imandaky doganlaryňyzam islendik kynçylyklary ýeňip bilýän Ýygnak bolarsyňyz.
Şu gollanma taýýarlanylyp otyrka, Aziýadan bolan ýygnak ýolbaşçylary aşakdaky on punkty maňa teklip etdiler. Bu on punkt olaryň pikiriçe ýeňişli Ýygnagyň häsiýetnamasy bolup durýar:
1. Ýygnak Mukaddes Ruhuň güýjüni her gün duýýar
Ýygnagyň agzalary Hudaýyň ýollarynda ýöreýärler, Onuň bilen gatnaşykda ýaşaýarlar we öz durmuşlarynda Mukaddes Ruhuň miwelerini görkezýärler.
2. Ýygnak mesihiň Bedeni bilen gatnaşykda bolup ýaşaýar
Diňe bir mesihileriň gatnaşygy däl-de, olaryň Mesihdäki doganlaryna hemme taraplaýyn wepalylygy-da wajypdyr.
3. Ýygnak Mukaddes Kitaby bilýär, şonuň üçin ondan peýdalanyp biler
Mesihileriň Mukaddes Kitaby bilmegi olaryň ýalan taglymatlara garşy durmagyna ýardam edýär.
4. Ýygnak Hoş Habary wagyz etmeklige çynlakaý garaýar
Mesihiler Hoş Habary wagyz etmäniň maksadyny bilýärler. Olar Isa Mesihden başga gutulyş ýolunyň ýokdugyny bilýärler.
5. Ýygnak jemgyýetiň mätäçliklerine gulluk etme işine wepalydyr
Ýygnak özüniň beýleki adamlara kömek etme borçlaryny we mümkinçiliklerini bilmelidir we ynsanperwerlige ters bolan zatlara garşy durmalydyr.
6. Ýygnak (özüne degişli bolmadyk) daşarky gözegçilikden we öz üstünden höküm sürülmeginden azat bolmalydyr, bu zatlara garaşly bolmaly däldir.
7. Ýygnak özi babatdaky garşydaş güýçleriň güýçli we ejiz taraplaryny bilýär.
8. Yzarlanylýan şertlerde-de şaýatlyk edýän Ýygnak gaýduwsyz Ýygnakdyr.
9. Ýygnakdaky adaty mesihiler bilen ýolbaşçylar ýygnanyşygyň ýüküni deň paýlaşýandyrlar.
10. Dileg edýän Ýygnak!
Rollarda türgenleşmek:
Garşydaş güýçleriň resmi taýdan ykrar edilen ýygnaga azar berýändigi barada mysallar köpdür. Aşakdaky hakykatdan hem bolan wakalara seredip çykyň-da, her bir takyk ýagdaýda nähili hereket ederdiňiz, şony çözüň. Siz nähili pikir edýärsiňiz, döwlet tarapyndan ykrar edilmedik kiçi ýygnak şunuň ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gowy gelermidi?
• Günorta Wýetnamyň kommunistler tarapyndan basylyp alnanyna iki aý geçenden soň, bir mesihi öz dostuna şeýle diýip hat ýazypdyr: «Biziň ýygnanyşyklarymyza täze adamlar gelip başlady. Olar bizi köp zatlary ara alyp maslahatlaşmaga ruhlandyrýarlar. Aslynda biziň sežde edenimizden, syýasy ýygnaklarda bolşy ýaly pikir alyşýan wagtymyz köp bolýar. Adatça ýygnanyşygymyza täze adamlar gelende begenýäris, ýöne bu ýagdaýda welin, biz ýygnagymyzyň durmuşyna biedeplik bilen girmä sezewar bolýarys». Şu ýygnagyň agzalarynyň ýerine bolan bolsaňyz, siz näme ederdiňiz?
• Hytaý häkimiýeti ilkibaşda ýygnaga köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirmäge rugsat berýärdi, ýöne soňabaka Ýygnagyň elinden jaýlaryny alyp ugradylar. Häkimiýet şol jaýlary keselhana, saglyk öýleri, çagalar öýleri we mekdepler üçin ulanyp başlady. Siz nähili pikir edýärsiňiz, şunuň ýaly ýagdaýda şol guramalarda işleýän mesihiler nähili hereket etmelidiler?
• Kubada Fidel Kastronyň häkimiýeti birnäçe ýygnagyň işlemegine rugsat berdi. Ýöne ýygnaklara gelýän adamlaryň sany dileg edilýän zala ýerleşerden köpdi. Ýygnaklara mundan uly jaýlary gurmaklyga ýa-da ýygnanyşygy şol jaýlardan başga ýerlerde, ylaýta-da, öýlerde geçirmeklige rugsat berilmeýär. Hatda, (ýer tygşytlamak üçin) bütin ýygnanyşygyň dowamynda aýak üstünde durmaklyga gelenleriň hemmesi taýýar bolsalar-da, käbirleri jaýyň içine girip bilmän öýlerine gaýdyp gitmäge mejbur bolýardylar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda näme etmeli?
• Käbir musulman ýurtlarynda emigrasiýa edilen mesihileri halamaýarlar. Ýerli mesihiler hem öz imany barada açyk aýtmaga het edip bilmeýärler. Şunuň ýaly «gizlin» mesihilere hakyky mesihiler diýip bolarmy? Olar Ýygnaga mahsus bolan işleri ýerine ýetirip bilerlermi? Kim bilen we nädip sežde etmelidigini olar nähili çözmeli?
• Mesihilige duşmançylykly bolan häkimiýetler mesihileri dargatmaga, şeýdibem, olaryň ýetirýän täsirini gowşatmaga çalyşýarlar. Kampuçiýa ýaly ýurtlarda bütin ilat mejbury ýagdaýda ýaşamak üçin başga ýerlere göçürildi. Wýetnamda başga tär saýlanyldy. Belli bir maşgala maddy taýdan güýçden gaçýança, salgytlar ýokarlandyrylýar. Şondan soň häkimiýet şol maşgalany başga ýere göçürýär. Öňki Sowet Soýuzy döwründe Sibire şeýle köp mesihi goýberildi welin, indi şol ýer ýurduň Hoş Habary işjeň wagyz edýän mesihileşdirilen sebitine öwrüldi duruberdi. Eger ykdysady sebäplere görä sizi maşgalaňyz bilen bile ýekeje mesihiniň hem tanamaýan etrabyňyza göçmäge mejbur etseler, näme ederdiňiz?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Mesihilerde biri-biri babatda nähili borçlary bolmaly?
2. Ýygnak ýolbaşçylarynyň biri Hoş Habary wagyz etmäni şeýle kesgitledi: «Hoş Habary wagyz etmeklik şeýle aýdyň we eglişiksiz bolmalydyr welin, ony diňlän adam ýa-ha Mesihi kabul etmelidir, ýa-da ret etmelidir». Siz şeýle kesgitleme bilen ylalaşýarmysyňyz? Siziň maşgalaňyz Hoş Habar baradaky wagyz sözlerini eşitdimi?
3. Mesihi doganlarymyzy nädip töweregimizdäki dünýä has gowy usul bilen wagyz etmäge höweslendirmeli?
4. Hoş Habary wagyz etme gadagan edilen jemgyýetde ony nädip wagyz etmeli? Eger eliňizde ruhy edebiýat bolmasa, onda muny nähili edip bolar?
5. Beýleki mesihilerden alýan maddy kömekleriňiziň artykmaçlygyny we ýetmezçiliklerini ara alyp maslahatlaşyň.
6. Siziň toparyňyza ýolbaşçylyk gurluşynyň haýsy görnüşi gerek? Ýolbaşçylyk gullugyny ýerine ýetirýän adam nähili häsiýetlere eýe bolmaly?
7. Ýokarda getirilen, ýagny mesihileriň duş gelýän ýagdaýlaryny rollarda oýnap görüň.
8. Aziýadan bolan ýygnak ýolbaşçylarynyň teklip eden zatlaryny, ýagny ýeňişli Ýygnagyň on häsiýetini ara alyp maslahatlaşyň. Siz olar bilen ylalaşýarmysyňyz? Bu sanawyň üstüne siz hem bir zat goşmak isleýärsiňizmi?
5-nji bap
HUDAÝ HARLANYLAN BOLUP BILMEZ
Efesliler 1:22–23
Rene burçuň aňyrsyna öwrülmezinden ozal daş-töwergine göz aýlady. Ol özüni kimdir biriniň yzarlaýandygyny görmedi. Ýigit maňlaýyndaky deri sylyp, sagadyna garady. Bellenilen wagta bary-ýogy bäş minut galypdy. Ol uly derwezäniň öňüne göni 7:14-de gelmek üçin kwartalyň daşyny ýene bir gezek aýlandy. Ol derwezedäki düwmejige üç gezek basdy: gysga… uzyn… gysga jaň. Bu ýaňyja üýtgedilen, imandaky doganyň gelendigini aňladýan nyşandy. Derweze açyldy-da, Rene içerik atylyp giren badyna hem ýapyldy.
Iki sagatdan soň, bu öýüň ýerzemininde duşuşmak üçin imanlylaryň birnäçe ýüzüsi ýygnandy.
Rene beýlekilere garaşyp, arkaýyn otyrdy. Şonda ol Hudaýa bilelikde sežde etmek üçin her hepdede kiçijik dükanjygyň arka tarapky otagynda ýygnanýan hytaýly mesihileriň topary barada žurnalda okan zadyny ýatlady. Bu topalaňly medeni rewolýusiýa döwrüdi. Dükana gelen adamlaryň olaryň seslerini eşidäýmegi ahmaldy, şonuň üçin hem olar sessiz nagmalary «aýdýardylar». Kimdir biri aýdymyň adyny pyşyrdap aýdýardy welin, beýlekilerem seslerini çykarman, dodaklaryny gymyldadyp, pikirinde aýdymyň sözlerini we sazyny aýdýardylar.
Ol ruhy çopan Walliniň: «Biziň ýygnagymyz bambuk tutusynyň aňyrsyndaky mesihileriňki ýaly gizlin ýygnakdyr, ýöne bir tapawudymyz — biz Hudaýy bar sesimiz bilen şöhratlandyryp bilýäris, sebäbi bizde ajaýyp ses geçirmeýän zadymyz bar. Biziň sesimizi hatda iň ýakyndaky goňşymyz hem eşidip bilmeýär» diýen sözlerini ýatlanda gaty gülüp goýberdi.
Bu Saud Arabystandaky ýygnak topary baradaky gürrüňdir. Bu ýurtda bir müň dört ýüz ýyldan gowrak döwrüň dowamynda resmi mesihilik Ýygnagy bolmandy. Şeýle-de bolsa, ýurduň hemme ýerinde köp mesihiler janlaryna uly töwekgelçilik edip, gizlin ýygnanyşdylar.
Günbatarda iman köplenç öz beýanyny resmi taýdan ykrar edilen Ýygnakda tapýar, şonuň üçin mesihiler öz imanyny görkezmäniň diňe şu täri bilen tanyşdyrlar. Ýöne häkimiýet başyna awtoritar ýolbaşçylar gelen ýagdaýynda ilki bilen şunuň ýaly görnüş hüjümlere sezewar edilýär. Munuň ýaly Ýygnaga duşmançylykly ýagdaýlarda berk durmaklyk gaty kyn bolýar. Geliň, özümize mesihiler hökmünde azar bermäge çalyşýan häkimiýetiň gol astyna düşenimizde öz guramamyzyň düşäýjek ýagdaýlarynyň birnäçesine seredip geçeliň.
Häkimiýetleriň basyşlaryna boýun bolmak, ýygnagyň hereketini bes etmegine we öz imanyň sönüp galmagyna ýol bermek bolar. Elbetde, ýekeje çyn mesihi hem munuň ýaly ugurlary saýlamak islemez. Ýöne köp mesihiler kynçylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, şol ýagdaýlara boýun bolup, hut şu ýol bilen hem gitdiler. Görüp otursak olar munuň ýaly ýagdaýlara taýýarlanylmadyk bolup çykdylar. Eger özümiziň Mesihdäki ýagdaýymyzy hasaba almazdan we öňünden Onuň ýolbaşçylygyna doly boýun bolma kararyna gelmezden pikir ýöretsek, onda bizem özümiziň iň gowy niýetlerimiziň bardygyna garamazdan, şunuň ýaly gussaly jemlemä baryp ýeteris.
1. Režim bilen birlikde ýaşaýan Ýygnak
Biziň öz ýygnagymyz bilen bilelikde endik edinen ýaşaýşymyzda, şol bir wagtyň özünde-de häkimiýetiň talaplarynyň hemmesine boýun bolup ýaşabermegimiz hem mümkin. Geçen sapakda biz duşmançylykly häkimiýetiň ýygnak babatdaky çäklendirmelerini gitdigiçe agyrlaşdyrýandygy barada gürrüň edipdik. Şonda-da, ejiz hem güýçsüz bolan ýygnaklara, düzgün bolşy ýaly, hereket etmesini dowam etmäge rugsat berýärler.
Režim bilen birlikde ýaşama syýasatyny saýlan ýygnaklaryň döwlet propogandasynyň guralyna öwrülmegi ahmal. Käbir ýagdaýlarda resmi ýygnak ýolbaşçylarynyň başga alajy bolmaýar. Olar häkimiýet bilen hyzmatdaşlyk etmeli bolýarlar, bolmasa gözenegiň aňyrsyna düşýärler. Şonda ýygnagyň hereket etmelidigini ýa-da däldigini döwlet ýolbaşçylary çözýärler. Eger haýsydyr bir ýygnagy halamasalar hem diňe çydam edýän bolsalar, onda şol ýygnagyň repressiw häkimiýetiň haýsydyr bir maksadyny ýerine ýetirýändigine ynanaýyň. Häkimiýetler öz işgärini şunuň ýaly ýygnagyň ähli ulgamlaryna goýberýär-de, onuň işini öz bähbidine ulanýarlar.
Ýygnak şonda töwerekdäki adamlara şaýatlyklarynda Mukaddes Kitap taglymatlaryna wepalylygyna galyp, gerek wagty häkimiýete ýaraýan işleri etmeli bolan ýagdaýa düşýär. Birlikde ýaşama syýasatyny saýlaýan adam adatça häkimiýetde bolşy ýaly, mesihilik toparlarynyň hem şübhesi astyna düşýär. Bu ýagdaý hakyky mesihiler üçin örän kyn ýagdaýdyr, ýöne ýygnak şeýle etmek bilen köpçülikleýin ýygnanyşyklaryny we wagyz etmelerini dowam etdirmäge mümkinçilik alýar. Munuň ýaly ýygnaklary biz dileg etme bilen goldamalydyrys we Rebden onuň wagyz etmesiniň arassalygyny saklamagyny, beýleki mesihiler üçin büdreme daşy bolmagyna ýol bermezligini soramalydyrys.
2. Garşy durýan ýygnak
Ýygnagyň duşmançylykly ýagdaýlarda saýlaýan ýene bir görnüşi garşy durma syýasatyna syrygýar. Munuň ýaly ýygnak häkimiýet başynda duran režime aç-açan garşy çykmaga çalyşýar. Eger döwlet her bir ýygnanyşygy öňünden alnan rugsatnama esasynda geçirmekligi talap etse, mesihiler bu gadagan edilmäni bozup, «bikanun» ýygnanyşyklary geçirýär. Eger döwlet ýygnak binasyny eýeläp alsa, mesihiler öz ýygnanyşyklaryny açyk meýdanda geçirýärler. XX asyryň ejir çeken köp mesihileri hem şunuň ýaly toparlardan gelip çykanlardyr. Olar häkimiýete garşy çykma kararyna geldiler, şonuň üçin hem bu işleri üçin doly derejede tölemäge taýýar boldular. Ýakymly bolmadyk ýagdaýlarda berk durmaga batyrlyk tapan mesihilere biz guwanyp bileris, ýöne munuň ýaly garşy durmalara belli bir şertleri berjaý edende gitmek gerek.
• Eger häkimiýetiň bellän çäklendirmesi zabun häsiýete eýe bolmaýan bolsa we häkimiýetiň uzaga gitmeýän meýilnamalary bilen baglanyşykly däl bolsa, onda munuň ýaly garşy durmalar ýygnagyň oňat tarapa üýtgemesine getirip biler. Kommunistik ýurtlarda-ha munuň ýaly syýasat barada dil ýaryp hem bolmaýar. Garşy çykmalar belli bir derejede häkimiýetleriň syýasatyna täsirini ýetirýär, ýöne repressiw häkimiýet (mysal üçin Efiopiýada bolşy ýaly) mesihilere uzak wagtyň dowamynda çydam edip oturmaz.
• Eger ilatyň aglaba bölegi mesihiligi wagyz edýän bolsa, ýygnagyň bildirýän närazylygy hem köpçülik tarapyndan goldaw alýan bolsa, onda döwlet eglişik etmäge mejbur bolýar (mysal hökmünde Polşadaky ýagdaýy getirmek bolar).
• Eger mesihilik köp onýyllyklaryň we ýüzýyllyklaryň dowamyndan bäri bar bolan bolsa, onuň düzgünleri hem mesihilere belli bolup, ýygnaga gelýän adaty adamlar hem häkimiýetleriň ýygnakdan aýran ýolbaşçylarynyň ýerine geçse, onda garşylyk (edil öňki Sowet Soýuzynda bolşy ýaly) örän uzak wagtyň dowamynda dowam edip biler.
Köp aziýa we ýakyn gündogar ýurtlarynda ýygnaga garşylyk görkezmäniň şu görnüşini ulanma mümkinçiligini berýän ýokarda sanalyp geçilen üç şert ýokdur.
Käbir ýurtlarda ýygnak häkimiýet başyna mesihilige garşy bolan güýçler gelenden soň, uzak wagtlap saklanyp bilmedi, ýöne bu ýagdaýda ýygnak töweregindäki jemgyýete ajaýyp şaýatlyk teklip edip bildi.
Mýanmede (öň Birma ady bilen belli bolan ýurtda) mesihilik hereketi iň kiçijik hereket bolup durýar. Şonda-da ol şu wagta çenli-de hereket edip gelýär. Häkimiýet bolsa, öz döwletini sosialistik diýip atlandyrýar. Mýanmede mesihilere gaty azar berýärler. Käbir ýygnak ýolbaşçylaryny tussag hem etdiler, sebäbi olary döwlete duşmançylykly bolan güýçler bilen bile bolmakda aýyplaýarlar.
1990-njy ýyllaryň ahyrynda Kolumbiýanyň mesihileri otuz alty ruhy çopanyň öldürilendiginiň we göreşiň has gazaply gidýän sebitlerinde üç ýüzden gowrak ýygnagyň mejbury ýagdaýda ýapylandygynyň üstüni açdylar. Mundan başga-da, elli bäş sany ruhy çopan öz ýygnagyny we öýlerini terk edip gitmäge mejbur boldy. Müňlerçe mesihiler öýsüz-öwzarsyz galdy.
3. Gizlin ýygnak
Käwagt mesihiler adaty, resmi taýdan ykrar edilen ýygnakda öz imanlaryny beýan etmegiň mümkin däldigine düşünýärler-de, gizlinlikde bolmaklygy ýüreklerine düwýärler. Munuň azajyk romantik çözgüt ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne munuň ýaly ýygnaklar gazaply yzarlanma şertlerinde uzak wagtyň dowamynda berk durup bilýärler. Häkimiýetler az adamly topardan ybarat bolan ýygnaklara seýrek üns berýärler. Öý ýygnanyşyklary diýlip atlandyrylýan ýygnaklar, böleklere bölnen toparlar ýa-da maşgala ýygnanyşyklary gizlinlikde uzak wagtlap bolup bilýärler, hatda bilinmeýen ýagdaýda-da, gaýtadan toparlara bölünip bilýärler. Kiçijik bolan bu toparlar ýygnagyň işlerini ýerine ýetirmek üçin gysgajyk wagtlyk hem duşuşyp bilýärler.
Hytaýly mesihiler bize mesihilik durmuşynyň şunuň ýaly köp ajaýyp mysallary barada gürrüň berip bilerler. Olar kynçylyklar bolan döwründe meýdanda biri-birlerine duş gelen ýerlerinde ýa-da sessiz ýygnanyşykda pyşyrdaşyp bileje mesihi aýdymlaryny «aýdanlarynda», ýönekeýje kelle atma bilen hem biri-birlerini goldamagy öwrendiler. Käwagt olar biri-biriniň mesihidigini başga adamlara görkezýän söýgüleri boýunça bilipdirler. Olar öz durmuşlarynyň şunuň ýaly dünýäni güýçli şöhlelendirmeginiň netijesinde dostlarynyň we ýakynlarynyň özlerini «gözläp» başlamaklary üçin dileg edýärler. Şunuň ýaly ýagdaýda olar heläk bolup barýan dünýä bilen Mesih baradaky Hoş Habary paýlaşyp bilýärler.
Gizlin mesihiler özleriniň üstleri açylaýan pursatynda, elbetde, yzarlanmalara taýýar bolmalydyrlar. Ýöne olaryň imandan doly durmuşy özlerini bu ýagdaýa taýýarlyk bilen üpjün edýär. Eger gizlin ýygnak ýygnanyşyklary geçirmegiň resmi ýygnaklarda kabul edilen usullaryndan ýüz öwürse, onda häkimiýetler munuň ýaly ýygnagy ýok edip bilmeýärler. Mysal üçin, Şanhaýdaky öý ýygnanyşyklarynyň hereketi şu günki günde ýigrimi müň topara çenli baryp ýetdi.
Toparlar kiçijik bolmalydyrlar. Olar Mukaddes Ruhuň mesihileri ýygnaga birleşdirişine görä, ikä bölünmelidirler. Toparlar ýakyn etrapçalarda ýaşaýan adamlardan ybarat edilse, has hem gowy. Eger şunuň ýaly toparyň bardygy bilinse, gizlin ýygnanyşyklar gadagan ediler. Mesihiler hem ol ýerden dargap, başga ýerde ýygnanyşyp başlarlar.
Gizlin ýygnagyň işi üçin has çynlakaý çäklendirilme ondan Mesih barada örän az adamyň eşidýändigi baradaky fakty boýun almaklyk bolup durýar. Gizlin ýygnak Reb barada diňe azajyk mukdarda wagyz edip bilýär. Serhetlerden aşyp, repressiw režimli ýurtlaryň halklaryna Hoş Habary ýetirýän Mesihilik radiosy ýaly, azat dünýädäki mesihiler bolsa, Hoş Habary yglan etmek üçin mümkin bolan mümkinçilikleriň hemmesinden peýdalanyp bilýärler.
Gizlin ýygnak Mukaddes Kitap düzgünlerine laýyklykda hereket etmesini dowam etdirýär, ýöne ol muny gizlin edýär. Şunuň ýaly usuly saýlamaklygy «gorkaklyk» diýip atlandyryp bolarmy? Belki, mesihileriň «berk durmaga» taýýar bolmagy we yzarlamalaryň hemmesine döz gelmegi gerekdir? Belki-de şeýledir. Ýöne biz bir zada düşünmelidiris, Mukaddes Ruh şol bir ýurduň çäklerinde dürli adamlary dürli ýollar bilen alyp gidýär.
4. Ýygnagyň ýalan azatlygy we oňa abanýan howp
Haýsydyr bir ýygnak azatlyk şertlerinde ýaşaýar, ýöne şonda-da, oňa haýbat atýarlar. Biz munuň ýaly ýagdaýlarda ýokarda gürrüňini eden üç şertimiziň her dürli utgaşmasyny görýäris. Bilelikde ýaşamanyň imandan dänmäni ýa-da eglişik etmäni asla aňlatmaýan ýagdaýlary hem bolýar. Başga bir ýagdaýlarda ýygnak häkimiýetiň özüne berýän azaryna garşy çykyp hem bilýär. Gutulgysyz bolan yzarlanmalara taýýarlanmaga ýa-da yzarlanmanyň hökman bolmagyna sebäp bolup biläýjek işleri etmäge ýygnagyň gizlinlige gidýän ýagdaýlary hem bolýar.
Mesihilere imanyny wagyz etmäge resmi taýdan azatlyk berlip, iş ýüzünde bolsa, ýygnaga hemme tarapdan azar berilýän käbir musulman döwletlerinde mesihi ýygnaklarynyň ýagdaýy şunuň ýalydyr. Ýygnak özüniň garşysyna girizilen çäklendirmeler babatda närazylygyny gaty ses bilen bildirip biler. Şol bir wagtyň özünde-de, ýygnagyň gizlin işlerini arkaýyn taýýarlamakda we täze şägirtleri hiç hili howply ýagdaýa, mysal üçin, musulmanlar tarapyndan yzarlamalara duçar etmezden edip bolar.
Nepalda ýagdaý düýbünde başgaça. Bu ýurtdaky döwlet dini induizmdir. Bu ýerde mesihilige nazarýet taýdan rugsat berilýär, ýöne induistleri mesihilige getirmeklik gadagan edilýär. Eger häkimiýet birini imana getirme faktyny subut edip bilse, onda täze iman eden mesihi-de, onuň halypasy-da alty ýylyny türmede geçirmeli bolupdyr. Şunuň ýaly ýagdaýlar ol ýerde geçmişde bolupdyr. Nepally mesihiler köp ýyllaryň dowamynda munuň ýaly çäreleriň garşysyna çykdylar we bu kanunlary ýerine ýetirmezlige çalyşdylar. Muňa garamazdan, 1990-njy ýyllarda mesihilik Ýygnagy ýetmiş müň adamdan dört ýüz müň adama çenli ösdi. Alty esse dagy ýokary galan bu geň galdyryjy ösüş Nepalyň paýtagtynda ýaşan bir ruhy çopanyň pikiriçe, täze yzarlanmany oýarar. Ol: «Indi yzarlanma üç tarapdan, ýagny induist fundamentalistleri, moaist rewolýusionerleri we býurokratlary tarapyndan süýşüp gelýär» diýip, ol nygtaýar.
Munuň ýaly ýygnak käwagt hereket ediş şertleriniň meňzeşligine görä, «balkan görnüşli ýygnaklar» ýa-da «kolumbiýa» diýlip atlandyrylýan ýygnaklaryň görnüşine girýär. Balkanda we Kolumbiýada ýygnak ýolbaşçylary we agzalary döwlet goşunlarynyň, gozgalaňçylaryň, azat ediş goşunynyň we neşe öndürijileriň aralaryndaky uruşlaryň çatrygyndaky oduň astyna düşýärler. Bu taraplaryň her biri hem dini sferany gol astynda saklamaga çalyşýar. Eger Ýygnak diňe Hudaýa wepaly bolup, bularyň haýsydyr biriniň tarapyna geçmekden boýun towlasa, onda ol olaryň hemmesiniň duşmany bolýar.
1999-njy ýylda Russiýanyň federal goşunlary öz içine girýänçä, Çeçnýa güýçli depginde baş-başdak döwlete öwrülmäge çenli baryp ýetdi. Iki tarapyň hem esasy kommersiýa işi adamlary ogurlap, olar üçin töleg tölemekden ybarat boldy. Ýygnagyň «çuň jübüsiniň» kömegi bilen mesihiler strategiki nyşana boldular. Adam ogurlaýjylar Groznyda az bolanda iki ruhy çopanyň kellesini kesdiler. Munuň sebäbiniň olaryň garakçylary Günbatardan gelýän ynsanperwerlik kömegi bilen üpjün etmegi talap edýän çykyşlaryna gatnaşmakdan boýun towlandyklary bolmagy mümkin.
«Balkan» we «kolumbiýa» tendensiýalary gülläp-ösýän, bäsdeş toparlaryň ýygnagyň üstünden hojaýynçylyk etme hukugy üçin söweşýän, döwletiň hem bu işe gatyşyp, zorlugy bes etmäge güýjüniň we ygtyýarynyň ýetmeýän ýurtlarynda ýygnak ejir çekýär.
Lukanyň Hoş Habarynyň 9-njy babynda şägirtleri öz toparlaryna degişli bolmasa-da, Isa Mesihiň ady bilen gulluk edýän adamlaryň duş gelýändigini aýdyp, Rebbe arz etdiler. Şägirtler munuň ýaly adamlara gulluk etmegi gadagan etdiler, ýöne Isa: «…bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» (Luka 9:50) diýdi. Bu sapagy özleşdirmek Petrusa diýseň kyn boldy. Ol: «Men, dogrudan, Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem her milletde kim Özünden gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim» (Resullaryň işleri 10:34–35) diýmegi başarýança, Reb oňa takyk görnüş we tolgundyryjy duýgulary bermeli boldy.
Resul Pawlus bu pikiri Rimlilere hatyň 14-nji babynda kämilleşdirdi. Ol: «Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? <…> Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? <…> Çünki biziň hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys» (Rimliler 14:4. 10) diýende, bu mowzuk babatdaky özüniň taglymatyny jemledi. Pawlus hatda wagyz edişi «nädogry» niýetli bolsa-da, Hoş Habary wagyz etmesini dowam etdirýän adamlaryň işini oňlaýardy (Filipililer 1:12–18 seret)! Hatda ýygnagy dürli ýollar bilen alyp gidýän bolsa-da, dürli aňyýetler sebäpli, Mesihiň Bedeninde bölünişigiň bolmaly däldigini Mukaddes Ýazgy öwredýär (1 Korintoslylar 1:11–17 seret). Biziň örän habardar bolmagymyz gerek. Beýleki mesihileri Rebbe biziň gulluk edişimiz ýaly gulluk etmeýändigi sebäpli, ret etmeli däldiris. Eger biz Rebbiň özümize ynanan işini asudalyk bilen ýerine ýetirsek, onda beýleki mesihileriň Hudaýa edýän hyzmatlarynda Onuň ugrukdyrmasyny nähili duýýandyklary barada alada etmek bize asla gerek bolmaz.
Indi bolsa, geliň, Mukaddes Kitapda berlen adamlaryň yzarlanmalara garaýşynyň dürli görnüşlerine seredip geçeliň:
• Şamuwel. Reb oňa geljekki patyşany mesh etmegi buýran wagty, Şamuwel gorkdy. Şonda Reb oňa ýalan sözläp günä etmezden bu işi nähili etmelidigini görkezdi (1 Şamuwel 16:1–5 seret).
• Ylýas. Bir gezek ol batyrgaýlyk bilen patyşa garşy çykýar (1 Patyşalyklar 17:1 seret). Başga bir ýagdaýda Reb oňa gaçmaklygy we duşmanlaryndan gizlenmegi buýruk berdi (1 Patyşalyklar 17:3 seret).
• Ester. Ol özüniň ýewreýdigini patyşadan gizläp, şa zenany bolýar. Gerek bolan wagtynda ol öz janyna töwekgelçilik edip, öz halkyna örän uly kömek edýär (Ester 7:1–4 seret).
• Danyýel. Ol ölümi äsgermän, özüniň üç dosty bilen bilelikde batyrgaýlyk bilen patyşanyň gaňryşyna gidýär. Hudaý hem ony goraýar (Danyýel 3 we 6 seret).
• Isa. Ol ýehudy baştutanlaryndan gaça durýardy, hatda bir gezek olaryň gözlerinden gizlendi (Ýahýa 8:59; 11:54 seret).
• Petrus bilen Ýahýa. Häkimiýet wekilleri olara Hoş Habary wagyz etmekligi gadagan etdiler, ýöne olar boýun bolmakdan ýüz öwürdiler (Resullaryň işleri 4:18–20 seret).
• Pawlus. Ol howpuň öňündäki iň ýiti täri saýlap aldy. Käwagt ol özüni yzarlaýanlardan gaçyp gezdi (Resullaryň işleri 9:23–30 seret), käwagt hem türmä düşdi (Resullaryň işleri 16:22–24 seret), käte bolsa, Hudaýdan gudrat görkezmegini soraýar (Resullaryň işleri 13:10–11). Ol hemme ýagdaýda-da näme etmelidigini öwretmäge Mukaddes Ruha rugsat berdi. Ol öz hereketlerinde: «Her niçik-de bolsa, käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat boldum» (1 Korintoslylar 9:22) diýen düzgüne esaslandy.
Biz Resullaryň işleri kitabynda öz imanyny her hili usul bilen beýan eden ýygnaklaryň bolandygyny görýäris. Şeýle-de bolsa, bir zada düşünmegimiz gerek, bir ýygnagyň ýa-da aýratyn mesihileriň Rebbiň ugrukdyrmasyna eýermesi, olaryň Oňa boýun bolmasy olara azar berilmezligine we yzarlanylmazlygyna kepil geçmeýär. Ýewreýlere hatyň 11-nji babynda biz käbir mukaddesleriň yzarlanmalardan azat bolandyklaryny, beýleki birleriniň bolsa, ejir çekmegine Hudaýyň ýol berendigini görýäris. Hudaýyň saýlawyna düşünmekligiň açary diýen edijilikde we Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasynda başarnykly bolmakdamyka diýýärin.
Duşmançylykly ýagdaýlarda nähili bolmalydygynyň bu Mukaddes Kitap mysallary Ýygnagyň we aýry mesihileriň diýseň çeýeligini açyp görkezýär. Mysal üçin Iýerusalimdäki ýygnak bilen Antakiýadaky ýygnagy deňeşdirip göreliň. Iýerusalimdäki ýygnak esasan hem iman eden ýehudylardan ybaratdy. Olar öz imanyny ýehudylyga mahsus bolan adaty usul bilen beýan etmegi dowam etdirýärdiler. Ýöne olar bu zatlaryň Hoş Habara çapraz gelmezligine üns berýärdiler.
Antakiýadaky ýygnak bolsa, butparazlykdan imana gelen adamlardan ybaratdy. Olar ýehudy dessurlaryny bilmeýärdiler. Olaryň gatnaşyk saklama tärlerinde dessura ýugrulan pursatlar köp derejede azdy. Şu zatlar bilen baglanyşyklykda ýygnanyşyk ýolbaşçylary Iýerusalimde duşuşyp, antakiýaly mesihilerden ýehudy dessurlaryny talap etmegiň gerekdigi ýa-da hökman däldigini kesgitlediler. Uzak dowam eden çekeleşikden soň, butparazlykdan imana gelen mesihiler ýehudylaryň dini duýgularyny soňky derejesine çenli kemsidip biljek käbir gadagan edilmeleri hasaba almak bilen, Rebbe bolan imanyny Hudaýyň özlerine ygtyýar berşi ýaly tärde beýan edip bilerler diýlen netijä gelindi. Ýöne Iýerusalimdäki ýygnak imanyny wagyz etme işini ýehudy däplerini berjaý etmek bilen dowam etdirip bilýärdi (Resullaryň işleri 15:1–35; 21:17–26 seret).
Ýatda saklaň, täzeäht döwründäki Ýygnak hemişe-de duşmançylykly gurşawda bolan Ýygnak bolupdy. Rim imperiýasy bütin günbatar dünýäsindäki mesihilere azar berdi, ýöne mesihilik ajaýyp ýeňiş bilen özüni yzarlaýjylardan uzak ýaşady.
Eger bilelikde ýaşaýan we garşylyk görkezýän ýygnaklaryň agzalary hemişe gözegçilik astynda bolýan bolsa, onda gizlin ýygnagyň agzalary öz töweregindäki adamlara wagyz etmekde has köp azatlyga eýedir. Şunuň ýaly habardarlyk bilen edilen wagyzlaryň netijesinde täze kiçijik toparlar emele gelýär. Şeýle-de bolsa, bir zady hemişe ýatda saklamalydyrys, döwlet tarapyndan yzarlama ýygnagyň berýän jogaplarynyň üç görnüşi-de mesihilik ynamynyň hakyky beýany bolup biler. Ýöne hiç bir topar hem öz imanyny başga usul bilen beýan edýändigi üçin beýleki topardan hiç wagt hem ýüz öwürmeli däldir.
Käwagt Hudaý imanlylary özüni alyp baryş ugruny üýtgetmeklige alyp barýar. Garşy çykýan ýygnagyň üstüne şeýle güýçli yzarlanma inip, onuň adaty agzalarynyň gizlin ýygnaga öwrülmäge mejbur bolmagy mümkin. Gizlin ýygnagyň ýüze çykyp, garşy çykýan ýygnaga öwrülmegi hem mümkin. Ýerli häkimiýet bilen bilelikde ýaşama ugruny saýlan käbir ýygnaklar, şol bir wagtyň özünde öz agzalaryndan kiçijik toparlary we öý ýygnaklaryny döredýärler. Mesihilige duşmançylykly garaýan ýurtlarda imany wagyz etmäniň bize belli bolmadyk başga görnüşleriniň hem bolmagy ahmal. Mukaddes Ruhuň hereketini çäklendirmek mümkin däldir. Ol bizi we toparymyzy imanlylaryň haýsy-da bolsa bir görnüşine ýa-da özümize eýýäm belli bolan ýurduň häkimiýeti bilen bilelikde hereket etme görnüşine birleşmäge alyp baryp biler.
Eger Biz Mukaddes Ruhuň birlerini hökümdarlyk edýän režim bilen bilelikde ýaşamaklyga, beýlekilerini nägilelik bildirmäge ruhlandyrýandygyna, üçünjileri bolsa, gizlinlige alyp barýandygy baradaky fakta üns bersek, onda hemme mesihileri-de söýmeklik we olara hormat goýmaklyk has aňsat bolar. Gynansakda, bir mesihilik toparynyň beýlekisiniň üstüne edýän hüjümleri köp ýagdaýlarda ajaýyp propogandik material bolýar. Repressiw režim hem şol materiallary mesihiligiň garşysyna ulanýar.
Biz Isanyň Ýahýanyň Hoş Habarynda (17:20–21) Öz Atasynyň öňünde ýüreginiň jümmüşinden syzdyryp çykaran ýalbarmasyny hemişe ýatlap ýörmegimiz gerekdir:
Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da Bizde bolsun. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder.
Elbetde, Mesihe garşy bolýanlar ýa-da Hoş Habary ýoýýanlar bilen hiç hili gatnaşyk bolmaly däldir. Ýöne Mesihi wagyz edýän adam berilýän azarlaryň labyry astynda Rebbi inkär etse, beýleki imanlylar oňa kömek etmäge synanyşmalydyrlar. Köpçüligiň öňünde ony masgaralamaly däldir ýa-da oňa gaharlanmaly däldir. Eger mesihileriň hemmesi öz aralarynda ikitaraplaýyn söýgini we hormaty saklasalar, onda birek-birege kömek etme mümkinçiligi has-da köpelýär. Şunuň ýaly goldaw biziň mesihi ýygnagymyzyň ýeke-täk däldigine, özümiziň ýeke däldigimize düşünmekde bahasyna ýetip bolmajak kömegi edýär.
Repressiw häkimiýet köplenç mekirlige ýüz urup, bir mesihilik toparyny beýlekisiniň garşysyna öjükdirýär. Şeýdibem, olaryň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny kül edýär.
Hytaýda medeni rewolýusiýasy bolmazyndan öň häkimiýet iki mesihiniň bile işlemegine rugsat etmezdiler. Wýetnamdaky gizlin hereket edýän ýygnaklar biri-birinden şeýle bir daşdadylar welin, mesihilere bir ýere ýygnanyşmaklyk örän kyn bolýardy. Ýygnagyň içinde geçirilýän konferensiýalar we seminarlar gadagan edilipdi. Mesihileriň öz aralarynda gatnaşyk saklamagyna näçe az mümkinçilik berilse, şonça-da olaryň beýleki imanlylaryň Rebbe bolan wepalylygyna tiz şübhelenip başlajakdygyny, netijede olaryň hem imanynyň gowşap başlajakdygyny kommunistler bilýärdiler.
Isanyň taglymatyna laýyklykda, mesihileri olaryň biri-birlerine bolan söýgi boýunça tanamalydyrlar (Ýahýa 13:35 seret). Eger biz şu düzgüne wepaly bolsak, onda hiç kim bir mesihini beýlekisiniň garşysyna öwrüp bilmez. Biziň Ýygnagymyz hem janlanyp berkleşer.
Azatlyk çäklendirilen ýa-da munuň ýaly zat asla ýok bolan ýurtlarda Ýygnaklary resmi statuslaryndan mahrum etmeklik, olaryň azat bolmasynyň faktory bolýar. Hytaýdaky, Wýetnamdaky we Kubadaky öý ýygnanyşyklarynyň ýolbaşçylary öz toparlarynyň yzarlanma taryhynyň Resullaryň işleri kitabyna goşmaça bap bolup biljekdigini aýdýarlar.
Käbir imanlylar, hatda, irki Ýygnagyň mesihileriniň ýaşan durmuşynda, ýagny ýygnak görnüşindäki özboluşly kommunada ýaşamakçy bolýarlar.
Uzak Gündogardaky Çuguýewkanyň mesihilik jemgyýeti marksistleriň islendik ýagşy niýetleriniň (mysal üçin, kommunalary döretme niýetiniň) diňe hakyky mesihilik özgerişlerinde durmuşa geçip biljekdiginiň subutnamasy boldy. Bu jemgyýetiň adamlary özleriniň ýaşaýyşlaryny wagyz etmediler. Olar kommunadaky durmuş aňyýetlerini reklama etmediler. Irki Ýygnakdaky mesihiler hem şeýle etmändi. Olar bilesigelijileri biraz wagt bu jemgyýetde ýaşap görmäge şatlyk bilen çagyrýarlar. Käbirleri bu barlag işine razy bolup, jemgyýetde hemişelik galdy. Ýöne çagyrylanlaryň hemmesi ýaşaýyşlaryny beýdip çürt-kesik üýtgedip bilmedi. Ýöne hemme mesihileriň hökman şu jemgyýetde ýaşamagyny hiç kim talap etmeýär. Kommunanyň agzalary: «Biziň ýaşaýan durmuşymyz mesihiniň ýeke-täk ýaşaýyş usuly däldir. Hudaý biziň görkezip biljek Mesihdäki durmuşymyzdan has ýokarydyr» diýýärler. Jemgyýetiň baştutany şeýle diýýär: «Eger siz Hoş Habary wagyz edýän we imanly adamlary ýygnaýan bolsaňyz, onda: “Biziň, ýagny mesihileriň nähili ýaşaýandygymyzy geliň-de görüň” diýip bilmelisiňiz. Bu has güýçli täsir edýän teklipdir. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz, ýeke mesihileri berkitmek we olara töweregindäki adamlar üçin gowy görelde bolup bilmäge kömek etmekdir. Ilki bilen siziň özüňiz gowy mysal boluň, soň hem başgalara şeýle bolmaklyga kömek ediň. Şondan soň köpler Mesihe gelmek islär».
Rollarda türgenleşme:
Siz oba ýerindäki uly bolmadyk ýygnagyň ýolbaşçysy. Bir gün siziň ýanyňyza ýerli gozgalaňçy toparyň komandiri gelýär. Ol size haýbat atyp, ýygnagyň işini bes etmekligi talap edýär, bolmasa (maşgalaňyzyň ýaşaýan we mesihileriň üýşüşýän ýeri bolan) siziň öýüňizi otlajakdygyny aýdýar. Siz näme edersiňiz? Siziň ýygnagyňyzyň agzalary näme ederler?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Meşhur mesihi ýolbaşçylary ýerli ýygnagyň täri üçin teklip edilen dört usuldan diňe üçüsini saýlap bilýärler. Näme üçin?
2. Mukaddes Kitap mysallaryndaky imanlylaryň täri saýlamakdaky çäklendirilmesi nämeden ybaratdy (Resullaryň işleri 15:29 seret)? Siziň şaýat bolan ýagdaýlaryňyzda, mesihileriň özleri öz öňlerinde nähili çäklendirmeleri goýýarlar?
3. Beýleki mesihileriň özlerini biziňkä garanda başgaça alyp barmagynyň mümkindigine, şonda-da iki tarapyň hem mamla bolup bilýändigine düşünmek näme üçin wajyp?
4. Hytaýdaky bir mesihi topary tarapyndan kabul edilip: «Mesihdäki doganlaryňyzyň hemmesini söýüň, ýöne özüňiziň bilşiňiz ýaly, diňe synagdan geçenlerine ynanyň» diýýän düzgüni ara alyp maslahatlaşyň.
5. Eger töweregimizdäkileriň göz öňünde imanymyz synalanda synagdan geçip bilmedik bolsak, onda biz özümizi nähili alyp barmaly? Petrus Isany inkär edenden soň näme etdi? (Matta 26:69–75 seret). Petrus Isany inkär edenden soň, hakyky mesihiligine galdymy?
Şahsy ýumuş:
Ýygnak toparynyň her bir agzasyndan öz toparyny häsiýetlendirýän görkezgiji doldurmagyny haýyş ediň.
Her toparyň güýçli we ejiz taraplaryny deňeşdiriň we olaryň toparda bar bolan mümkinçiliklere hem-de olara abanýan howpa laýyk gelşine serediň.
6-njy bap
DIRI ÝYGNAK
Filimun 1:1–2
Örän meşhur bolan bir ruhy çopan açlykdan ejir çekýän Efiopiýanyň ýerli ýygnanyşyklarynyň biriniň ruhy çopany bilen ertirlik edinip otyrka, diýseň gaty ses bilen:
— Kommunistik režimde ýaşamaklyk size we ýygnanyşyklaryňyza nähili kyn düşýändir, — diýýär.
Halkara Hoş Habar birleşmesiniň ýolbaşçysy bolan Reg Reýmer Efioiýpa myhmançylyga gelen toparyň baştutanydy. Bu sözleri eşidende, ýerli ruhy çopanyň daş-töweregine garanjaklap, öz ýurdundaky çynlakaý kynçylyklar, mesihileriň bikanun tussag edilişleri barada pyşyrdap diýen ýaly gürrüň berendigini ol aýdýar.
— Bu kynçylyklar biziň halkymyzyň imanyny berkitdi. Külpetli günlerde öňki asuda wagtdakysyna garanda has köp adam imana gelýär. Menem siziň ýurduňyzda bolup gördüm. Siziň ýygnaklaryňyzda hem çynlakaý kynçylyklaryň we büdremeleriň bardygyny bilýärin. Käbir mesihiler emläk edinmäge şeýle bir özlerini aldyrypdyrlar welin, garyp adamlaryň mätäçlikleri barada diýseň az alada edýärler. Köp mesihi maşgalalar dargaýar. Käbir ýygnaklar adamlary göwün açyjy programmalar bilen çekmäge çalyşýarlar, sebäbi olarda Mesihiň taglymaty ýeňilleşdirilen görnüşde berilýär. Şonda gören we eşiden zatlarym meni örän gynandyrdy, — diýip, ol aýtdy.
Efiopiýaly ýygnak ýolbaşçysy öz sözüni şeýle diýmek bilen jemledi:
— Aslynda men bir zady bilmeýärin, siziň ýygnagyňyzyň gowy ýagdaýdamy ýa-da biziň ýygnagymyz!
Azat dünýäde ýygnaklaryň aglaba bölegi resmi taýdan ykrar edilendir. Bu ýygnaklar özleriniň Reb Isa Mesihe bolan imanyny binalary gurmak, her hili mesihilik guramalaryny we programmalaryny döretmek, haýyr-sahawat işlerini etmek we ş. m. bilen beýan edýärler. Şonuň üçin olaryň mundan soňky durmuşy köp babatda göze ýakymly şertleri saklamaklyga bagly bolup durýar. Azat jemgyýetde imanyň şunuň ýaly beýan edilişiniň peýdaly bolmagy-da mümkin. Ol ýygnaga durnuklylyk we yzygiderlilik berýär. Ýöne imanyň bu usul bilen beýan edilmesine mesihilige duşmançylykly daraýan häkimiýeti bolan döwletlerde ýol berilmeýär.
Meşhur «Hudaýyň kontrabandaçysy» bolan Andreý dogan ýygnak ýolbaşçylarynyň iki görnüşlisine, ýagny: «Munuň ýaly zat bu ýerde bolup bilmez» hem-de: «Biz ozal bu ýerde beýle zat bolup bilmez diýip pikir edýärdik» diýýänlerine duş gelendigini aýdýar.
Başga sözler bilen aýtsak, azat dünýäde ýaşaýanlarymyzyň hiç haýsymyz hem ýygnak imany beýan etmäniň daşky atributlaryna doly bagly bolup biler diýip çaklamaga hakymyz ýokdur. Imany beýan etmäniň şunuň ýaly görnüşinden boýun towlanylan ýa-da Isa Mesihiň Hoş habaryny köpçüligiň özünde wagyz etmeklik külpetli iş bolan ýagdaýynda, imanlylar ýygnagy nädip hereket etmesini dowam etdirip biler? Ýygnak imanlylaryň hakyky ýygnanyşygy bolarmy ýa-da edilýän işiň belli bir görnüşi bolarmy?
Biz geçen asyrda mesihilige duşmançylykly bolan režimli ýurtlarda ýaşan doganlarymyzyň tejribelerinden köp zady öwrenip bileris. Mysal üçin, Hytaýda 1949-njy ýylda kommunistler häkimiýeti basyp alanlarynda, ýurtda bary-ýogy özüni hoş habar mesihisi hasaplaýan bir million adam bardy. Şondan bäri nähili wakalaryň bolup geçendigine garaň: mesihi ýolbaşçylaryny yzarladylar we türmelere saldylar; köp mesihileri öldürdiler; häkimiýet on üç ýylyň dowamynda resmi ýygnagy ykrar etmedi; öý ýygnanyşyklary elliden gowrak ýylyň dowamynda yzarlanmadan ejir çekdi. Mesihilik şaýatlyklary hemme görgüleriň gaňryşyna gidip, ýurtda häzirem öňküsi ýaly diri we täsirlidir! Ýygnak birnäçe esse ulaldy. Häzir onuň agzalarynyň sany, çaklamaklaryna görä, ýetmiş bäş million adama ýetýär.
1960–1970-nji ýyllarda Hytaýdaky ýygnagyň öz imanyny açyk beýan edip bilmändigi hakyky bolan zat. Ýygnak Hudaýyň ýolundan ýöremegini dowam etdirmek üçin sežde etmäniň dürli usullaryny tapmaly boldy. Ýöne ol bu zatlara nädip ýetip bildi?
Elbetde, Hytaýdaky mesihiler 1950-nji ýyllaryň başlarynda imany beýan etmäniň köne, umumy kabul edilen görnüşlerinden doly ýüz öwrüp, başgaça hereket edip başladylar. Olar seresaplygy elden bermän, sežde etmäniň howpsuz usullaryny saýlamaly boldular. Bu usullar hem örän peýdaly bolup çykdy. Köpçülikleýin sežde etme görnüşini mümkin boldugyça uzak wagtlap saklamaga çalyşjak bolup, güýçli görgi gören başga-da mesihi toparlary bardy. Olaryň köpüsi türmä salyndy, köpüsi-de öldürildi. Hudaý olaryň tutanýerliligine we dözümliligine ýokary derejede hormat goýýar. Olar Pawlusyň aýdyşy ýaly, öz gören görgüleriniň Hoş Habaryň ýaýramagyna hemaýat berendigine (Filipililer 1:12 seret) ynamly bolup bilerler.
Ýöne ýurduň häkimiýeti ýuwaş-ýuwaşdan imany köpçülikleýin beýan etmäniň hemme görnüşini ýok etdi. Bütin dünýädäki mesihiler munuň ýaly özgerişikleriň bolany sebäpli howsala düşdüler-de, näme etjeklerini bilmediler. Olar hiç zada düşünmän, özlerine: «Hudaý Hytaýy ýalňyz galdyraýdymyka? Bu ýurtda Hudaýyň Ýygnagy öläýdimikä?» diýen soraglary berdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen Ýygnaga wepaly mesihiler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astynda bildirmezden, ýöne ynam bilen öz imanyny aýratynlykdaky ýygnaklarda beýan etmäniň tärini tapdylar.
Başga bir tarapdan, Saud Arabystanda bir müň dört ýüz ýylyň dowamynda resmi taýdan ykrar edilen mesihilik Ýygnagy bolmandy. Bu ýurduň Isa Mesihe bolan imanyny wagyz edýän islendik raýaty ölüm jezasyna sezewar edilýärdi. Şonda-da, ýurtda ýaşaýan ýüzlerçe we ýurtdan gaçyp giden birnäçe mesihiler garşylyk bildirendikleri sebäpli, özlerine ölüm howpunyň abanýandygyna garamazdan, gizlin duşuşýarlar.
Ýygnaga wepaly bolan adamlaryň ýygnanyşmak üçin ulanan ýollarynyň we tärleriniň döredijilikli dürli görnüşleriniň bardygyna haýran galaýmaly. Howpsuzlygy saklama maksady bilen bu tärler hemişe aýdylyp ýörülmeýär. Ýöne imanlylar şonda-da, Hudaýa sežde etmeklerini dowam etdirýärler hem- de iň duşmançylykly režimi bolan şertlerde-de san taýdan we ruhy taýdan ösýärler.
Olara Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astyndaky oýlap tapyjylyk aman galmaga kömek edýär. Doganlarymyz imanlylar bilen duşuşmak üçin gatnaşmanyň adaty bolmadyk ýollaryny ulanýarlar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, olar toparyň aman saklanmagyna hemaýat etmek üçin ýygnanyşylýan ýerlerini hemişe üýtgedip durmaly bolýarlar. Hudaý Rebdäki bu doganlarymyzyň batyrlygyna hormat goýýar. Netijede, Hudaýyň Patyşalygy täze imanlylaryň gelmegi bilen ösýär.
Bir mesihi öz ýygnanyşygynyň, hatda dynç alyş wagtlaryny-da sežde we şaýatlyk etmeklige bagyş edýändiklerini, bu zatlaryň hiç kimiň ünsüni özüne çekmez ýaly, örän seresap edilýändigini gürrüň berýär. Üç ýa-da dört adamdan ybarat bolan topar şaýatlyklaryny paýlaşmak, Hudaýa sežde etmek we biri-birini ruhlandyrmak üçin, hatda jemgyýetçilik ýerlerinde-de duşuşýarlar. Bu zatlaryň hemmesi yslamyň sallançagy bolan Saud Arabystanyň merkezinde bolup geçýär.
Mesihe bolan imany beýan etmäniň daşky görnüşlerine nikalaşma, merhumy jaýlama çäresini we suwa çümdürmäni degişli etmek bolar. Mesihilige duşmançylykly garaýan käbir döwletler ýygnak binasynda nikalaşmany we merhumy jaýlama çäresini geçirmäge rugsat berýär. Mundan soň imany beýan etmäniň başga tärleriniň hemmesi gadagan edilýär. Öňki Sowet Soýuzynyň käbir mesihileri bu däpleri Hoş Habary aç-açan wagyz etmeklik gadagan edilenden soň hem köpçüligiň öňünde imanyny wagyz etmek üçin ulandylar.
Häkimiýetlere merhumy jaýlama çäresine we jaýlamanyň özüne gözegçilik etmek gaty kyn bolýar. Mesihilige garşy bolan jemgyýetlerde ýakynynyň ýogalandygy sebäpli mesihiniň ýüzünde görnen gussanyň çalaja alamaty hem soňundan Mesihe geljek adamlara düzedip bolmajak derejede täsirini ýetirýär.
Suwa çümdirme Ýygnagyň durmuşy üçin örän wajyp bolan syr bolup durýar. Suwa çümürme täze iman eden adamyň Mesihiň ölümine, jaýlanmasyna we ölümden direlmesine şärikdigini alamatlandyrýar. Bu köp milletleriň medeniýetinde adamyň mesihi bolandygynyň ykrar edilen şaýatlygydyr.
Suwa çümdürilmede mesihi öňki durmuşy üçin özüniň ölendigini, täze durmuşa ölümden direlendigini tassyklaýar. Ýygnagyň bütin taryhynyň dowamynda suwa çümdürme çümdürilýän adam üçin bolşy ýaly, bu syrlylyga gatnaşýanlar üçin hem sežde etmäniň bir görnüşi bolupdyr.
Irki mesihiler täze imana gelenleri mümkinçilik bolan ýerinde hemişe we hemme ýerde çümdürdiler. Bu iş köplenç Isanyň Iordan derýasynda çümdürilişi ýaly, köpçüligiň öňünde edilýärdi. Ýöne bu iş diňe iki adam bar bolan ýerde hem geçirilip bilnipdir (Resullaryň işleri 8:36-39). Aýratyn ýagdaýlarda çümdürilmäniň diňe bir ýygnak binalarynda ýygnak ýolbaşçylary tarapyndan geçirilmän, eýsem adaty mesihiler tarapyndan hem geçirilip bilinýändigine üns beriň ( Ýahýa 4:1–2; Resullaryň işleri 8:36–39; 1 Korintoslylar 1:11–17 seret).
Azat jemgyýetde suwa çümdürmäniň syrlylygy bu işi etmäge ygtyýary bolan takyk adamlaryň kesgitli usul bilen ýerine ýetirmegi üçin ýeterlik derejede esaslar bardyr. Ýöne täzeäht döwründäki yzarlanylýan Ýygnagyň ýagdaýy başgaçady. Yzarlanylýan Ýygnakda şu günki günde hem girizilen düzgünleriň hemmesini ýerine ýetirmeklik mümkin däl. Köplenç suwa çümdürmäni meýilleşdirip, ony diýseň gizlin şertlerde we el astynda bar bolan usullar bilen berjaý etmek zerur bolýar. Şonda-da, gizlin suwa çümdürilmä gatnaşan mesihileriň şaýatlygy şol ýagdaýlaryň ägirt uly ruhy merhemetiniň bardygy barada gürrüň berýär.
Şeýle bir ýagdaý bolupdyr. Nepalda täze imana gelen ondan gowrak adam ýygnanyşykda çümdürilipdir. Şol ýygnanyşykda belli döwlet işgärleriniň biri hem bolupdyr. Ol bu topar suwa düşmekçi bolýar diýip pikir edipdir, şonuň üçin hem hiç kime üns bermezden, ýörite özi üçin taýýarlanan iýmitlerden lezzet bilen iýip oturypdyr. Suwa çümdürilme däbini ýerine ýetirendigi üçin täze imana gelen induistlere ýedi ýyllyk türme bendiliginde oturmaklyk howpy abanýardy. Şunuň ýaly batyrlyk bilen suwa çümdürilmäni almaga taýýar bolan islendik mesihi, häkimiýet tarapyndan basyş edilýändigine garamazdan, islendik şertlerde Mesihiň diýen ediji şaýady bolar. Şol Nepalda, mysal üçin, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda ýygnaklar tiz depginde ösdi.
Biz siziň bilen Ýygnagyň bäş wezipesiniň (Hoş Habary wagyz etmekligi, şägirtligi, gullugy, gatnaşygy we sežde etmäni) täzeäht Ýygnagynda ulanylyşy görnüşinde öwrendik. Bu wezipeleriň öý ýygnanyşyklarynda hem ulanylýandygyny siziň gören bolmagyňyz mümkin.
Ýöne irki Ýygnak diňe öý ýygnanyşyklary bilen çäklenmändir. Mesihiler ybadathanalara, sinagogalara, ýygnak zallaryna, açyk forumlara barypdyrlar, derýalaryň kenarlarynda gämilerde we başga ýerlerde duşuşypdyrlar. Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesini öý ýygnaklarynda-da ýerine ýetirip bolýandygyna düşünmeklik adamy ruhlandyrýar. Repressiw režimli köp ýurtlarda bu wezipeleri diňe hususy öýlerde ýerine ýetirmek mümkin bolýar. Täze Äht şol döwürde öý ýygnaklary köp bolan bolsa-da, biziň ünsümizi bäş sany «öý ýygnagyna» aýratyn çekýär (Rimliler 16:3–5, 23; 1 Korintoslylar 16:19; Koloseliler 4:15; Filimun 1:2 seret).
Öý ýygnaklary köp artykmaçlyklara eýedir. Bu ýagdaýda gurluşyga we binany saklamaga gerek bolýan goşmaça çykdajylar gerek bolmaýar. Öý ýygnanyşyklarynda mähremlik we dostluk söýüjilikli atmosferany saklamaklyk aňsat bolýar. Öý duşuşyklary häkimiýet tarapyndan artykmaç ünsi özüne çekmeýär. Imanlylaryň öý ýygnanyşygy bir öýden başga bir öýe aňsatlyk bilen geçip bilýär.
Elbetde, çäklendirilen giňişlik uly kynçylyk bolup biler, ýöne bu kynçylyk diňe kiçi toparlara bölünmeklige iterip biler. Bu hem öz gezeginde has berk gatnaşyga, açyklyga we hasabatlylyga hem-de birek-birege has täsirli gulluk etmeklige alyp barýar. Eger topar öýde ýygnanyşardan uly bolsa, onda ol ikä bölünýär, şeýdibem, Ýygnagyň ulalmagy dowam edýär.
Öý ýygnagynyň göze görnüp duran ýetmezçiligi dürli toparlaryň mesihileri bilen gatnaşygyň ýoklugy bolup durýandyr. Aýratyn gazaply režimi bolan ýurtlarda bu ýetmezçilik mertebe bolup durýar, sebäbi bir topar tutulaýan ýagdaýynda, onuň agzalary beýleki toparyň mesihileriniň nirede bolýandygyny aýdyp bilmeýär. Gazaply režimi birneme azrak bolan ýurtlarda öý ýygnaklary käwagt dürli toparlaryň mesihileriniň arasyndaky gatnaşyga ýardam etmek üçin wagtal-wagtal has ýokarrak derejede, mysal üçin, baýramçylyk günlerinde bile şatlanmaklary üçin ýygnaklary bile geçirip hem bilýärler.
Hytaýdaky birnäçe sany öý ýygnagy umumyhalk baýramçylygy günlerinde şäher seýilgähinde oturlyşyk guramak barada gürleşdiler. Hiç kim köpçüligiň içinde sežde etme gullugyny geçirjek bolmady, ýöne mesihileriň hemmesi özleri bilen oturmaga gelen beýleki «gizlin» mesihileri görüp, ullakan goldaw tapdylar. Ýene bir gezek irki Ýygnagyň tejribesine ýüzlenenimizde, birnäçe gün dowam eden köpçülikleýin ýygnaklardan soň yzarlanmalaryň başlanandygyny görýäris. Häkimiýet Petrus bilen Ýahýa wagyz etmekligi gadagan edenlerinde, resullar öz şägirtleriniň ýanyna gaýdyp geldiler. Şol wagt Iýerusalim ýygnagy bir ýerde ýygnanyşardan uludy, ýöne Petrus bilen Ýahýanyň toparlary häkimiýet tarapyndan atylýan haýbatlaryň bes edilmegi üçin dileg etjek bolup, bir ýere ýygnanýardy (Resullaryň işleri 4:23 seret). Şol wagtda ruhy çopanlar hemmelere bellidi we her bir adam üçin elýeterdi.
Stefanusyň ölüminden soň, Ýygnak özüni has-da habardarrak alyp barmaga başlady. Bu Pawlusyň Iýerusalimdäki ruhy çopanlar bilen duşuşyp bilmändiginden, diňe öz ýerine Barnabas hemme zady gürrüň berenden soň, duşuşanyndan hem gowy görnüp durandyr (Resullaryň işleri 9:26–28 seret). Ýöne habardar bolunmalara garamazdan, Ýakuby tussag edip jezalandyrdylar. Mundan soň Petrusy hem tutup, ölüm jezasyny bermeklige taýýarladylar. Şol wagt mesihiler dürli toparlara bölünip, bir ýerde ýygnanyşmaýardylar. Ýöne Ýygnak Petrusyň azatlyga goýberilmegi üçin güýçli dileg edýärdi.
Bir perişde gudrat bilen resuly türmeden boşadanynda, ol Markus diýilýän Ýahýanyň öýüne geldi. Ol ýerde Petrusyň öňünden bilşi ýaly, dileg etme ýygnanyşygy geçirilip durdy. Bir zada üns beriň, topar ýapyk gapynyň aňyrsynda ýygnanyşypdy. Petrus hem ol ýere gelen wagty gapyny kakmaga mejbur boldy. Mesihiler özlerini gaty eserdeň alyp barýardylar, şonuň üçin hem gapyny derrew açybermediler. Pawlus hem örän habardardy, şonuň üçin özüniň keramat bilen gutulanyny gürrüň berenden soň derrew çykyp gitdi (Resullaryň işleri 12 seret).
Seresap bolmanyň gorkaklyga ýa-da imanyň ejizligine şaýatlyk etmeýändigi göze dürtülip dur. Birneme wagt geçenden soň, Pawlus bilen Barnabas Iýerusalimdäki ýygnakda duşuşanlarynda, ol ýerde ýaşulularam, resullaram bardy (Resullaryň işleri 15:4, 22; 21:17–19 seret). Şol adamlaryň bütin Iýerusalime dargan öý ýygnanyşyklarynyň ýolbaşçylary bolan bolmagy ahmaldyr.
Duşmançylykly ýagdaýlarda ýaşaýan ýygnaklar ýa-da ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan basyş edilýän ýygnaklar özüni alyp barşyň şu düzgünlerini ulanyp bilerler. Ýygnak eýýäm häkimiýete belli bolan ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda açyk şaýatlyk etmegini dowam etdirip biler. Ýöne mesihiler Ýygnagyň bäş wezipäsini täsirli durmuşa geçirmek mümkin bolan kiçijik toparlarda ýygnanyşyp bilerler. Şeýlelikde, köpçülikleýin şaýatlyk edilme, deňeşdirip aýtsak aýtsak, diňe aýsbergiň depesi bolýar.
1982-nji ýylda Efiopiýada häkimiýeti kommunistler basyp aldy. Şondan soň ýygnaklaryň yzarlanylmasy başlandy. Häkimiýet mennonitleriň ýygnak binasyny we emlägini döwlet haýryna geçirdi. Mesihi ýolbaşçylarynyň köpüsi türmelere basyldy. Ýygnagyň agzalaryna bolsa, ýygnanyşykda duşuşmaklyk gadagan edildi. Ýygnak ýolbaşçysyz, jaýsyz we aç-açan duşuşma mümkinçiliksiz gizlinlige gitdi. Şunuň ýaly ýagdaýlarda mesihiler kimdir biri özlerini degişli guramalara aýdar öýdüp gorkýardylar, şonuň üçin hem aýdymlary gaty ses bilen aýdyp bilmeýärdiler.
On ýyl geçenden soň, kommunistik häkimiýeti tagtdan agdardylar welin, ýygnak gizlinlikden çykaýdy. On ýylyň dowamynda ýygnagyň bäş adamdan elli müň adama çenli ösendigini görende, köp adamlar haýran galdylar. Hytaýda-da uly bolmadyk ýa-da kiçijik toparlaryň Efiopiýa görnüşi özüniň köp peýdalydygyny we güýçlüdigini subut etdi.
Bu görnüş diňe bir yzarlanma şertlerinde gowy däldir. Dünýädäki iň uly, häzirki pursatda segsen bäş müň agzadan ybarat bolan ýygnak — ruhy çopan Deýwid Ýonggi Çonuň ýygnagydyr. Bu ýygnak Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda ýerleşýär. Kiçijik toparlardan ybarat bolan bu ýygnak Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesiniň ýerine ýetirilmegine, ylaýta-da, Hoş Habary wagyz etmä uly üns berýär. Kiçijik toparlar Isa Mesih bilen tanyşmak üçin iň gowy şertleri döredýär diýip, doktor Ço hasap edýär. «Mesihdäki bäbekler» alty aýyň içinde «ruhy atalar» bolmaly diýlip çak edilýär. Uly bolmadyk toparlarda şunuň ýaly ýolbaşçylary taýýarlamaklyk üçin has amatly şertler döredilýär. Kiçijik toparlardan ybarat bolan ýygnak diňe bir Mesihiň Ýygnagyna täze agzalaryň goşulmagy bilen ösmän, eýsem täze ýerli ýygnanyşyklaryň emele gelmegini hem üpjün edýär.
Ýygnak gowy döwürlerde bolşy ýaly, kynçylykly döwürlerde hem sagdyn bolmalydyr. Ýygnak täzeäht döwründäki irki Ýygnagyň edişi ýaly, diňe öz wezipeleriniň hemmesini ýerine ýetiren ýagdaýynda sagdyn bolup biler (Resullaryň işleri 2:42–47 seret).
Ýöne ýygnaklaryň agzalary diňe dynç günündäki ýygnanyşyklara we sežde etmelere gelýän bolsalar, onda munuň ýaly zatlar bolmaz. Şonuň üçin uly bolmadyk toparlar wezipeleriň deňagramlylygyny saklamak ýa-da bir ýazaryň aýdyşy ýaly, ýygnagyň «iki ganatynyň» bolmagy üçin gerekdir. Bu deňeşdirmeli jümläni aýtmak bilen nämäniň göz öňünde tutulandygy düşnükli zatdyr.
Biz adaty ýa-da resmi taýdan ykrar edilen ýygnak erbet diýmek islemeýäris. Ýöne uly bolmadyk toparlary ýok bolan ýygnagyň doly derejeli däl, durnuksyz ýa-da ejiz bolmagy mümkin. Munuň ýaly ýygnak Mukaddes Kitabyň ysnyşykly gatnaşykda bolma tabşyrygyny ýerine ýetirip bilmez. Ine, mesihileriň ysnyşykly gatnaşykda alýan görkezmeleriniň takmyny sanawy:
• Biri-biriňize gulluk ediň (Galatýalylar 5:13);
• Biri-biriňizi kabul ediň (Rimliler 15:7);
• Biri-biriňizi bagyşlaň (Koloseliler 3:13);
• Biri-biriňize salamlar gönderiň (Rimliler 16:16);
• Biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň (Galatýalylar 6:2);
• Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň (Rimliler 12:10);
• Biri-biriňize hormat goýuň (Rimliler 12:10);
• Biri-biriňize öwüt-nesihatlar beriň (Rimliler 15:14;
• Biri-biriňize boýun boluň (Efesliler 5:21);
• Biri-biriňizi abatlaň (1 Selanikliler 5:11).
Kiçijik toparlar gözenekler kimin islendik ýaradylyşyň gurluşyk kerpijidir. Şonuň üçin eger gatnaşyga çekilen köp birliklerden ybarat bolmasa, ýygnak ýygnak bolmaz. Şol birlikler umumy bir beden emele getirmek üçin öz aralarynda birleşýärler. Täzeäht Ýygnagy hem edil şunuň ýaly görnüş boýunça gurlupdy.
Kiçijik toparlar on adamdan ybarat bolan ýygnanyşyklar üçin gaty gowy bolýandyr. Toparyň agzalarynyň sany on ikiden köp adama ýeten ýagdaýynda, ol täzeden ösüp başlamak üçin bölünmelidir. El astynda tizara topara goşuljak täze iman eden adamy alamatlandyrýan boş oturgyjy taýýarlap goýsak gowy bolar. Boş oturgyç kiçijik topara özüniň Hoş Habary wagyz etme borjuny hemişe ýatladyp durmak we dileg üsti bilen haýyş etmelerde ünsüňizi şu mowzukda jemlemek üçin hyzmat eder. Kiçi toparyň hem her bir ýygnanyşygynyň Ýygnagyň beýleki dört maksadyna eýermelidigini ýatdan çykarmaly däldir.
Islendik ýerli ýygnak öz içinde jogapkärçiligi ýygnagyň ähli agzalarynyň hem üstüne ýüklän ýagdaýynda öz wezipesini üstünlikli ýerine ýetirer. Şonda ruhy çopana ýeke-täk ýolbaşçy hökmünde garamazlar. Eger ýygnak ösmek isleýän bolsa, onda ýygnagyň adaty agzalarynda ýolbaşçylyk häsiýetlerini terbiýelemeklik hökmany şert bolup durýar. Rebbimiz Öz Ýygnagynyň bir gahrymanly spektakla kybapdaş bolmagyna hiç haçan hem garaşmandy.
Ýygnagyň hemme agzalaryny işe çekmezden, jemgyýetde Hoş Habary wagyz etmeklik asla mümkin bolmaz. Ruhy çopanlar adaty agzalary taýýarlamaga wagt bellemelidirler. Olar şeýle hem, beýleki mesihileri öz ygtyýarlygyna şärik etmelidirler.
Kynçylykly döwre taýýarlanmanyň iň gowy şerti, Hudaýyň Patyşalygynda ýygnagyň her bir agzasynyň belli bir we ýeke-täk roly ýerine ýetirmek üçin niýetlenendigine düşünmegine kömek etmekdir.
Wýetnamly bir ruhy çopan özüniň tussag ediljeginiň ikuçsyzdygyny bileni üçin ýygnagynyň otuz agzasynyň hemmesinem ýolbaşçylyk borçlaryny berjaý etmeklige taýýarlady. Wagty gelip ýetende, ruhy çopany uzakdaky lagere goýberýärler. Birnäçe wagt geçenden soň, öz ýygnagynyň üç ýüz adama çenli ösendigini eşidende, ol teselli tapýar.
Biziň içinde ýaşaýan, Mesih baradaky habary hiç wagt hem makullamadyk jemgyýetimiz hem, eger endige öwrülen pikirlenişimizi ýeňip geçmekligi we Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astynda çeýe bolmaklygy öwrensek, höwesli bolup biler. Özüňiziň bir wagtlar gurnalan däpleriň we endikleriň ýesirligine düşmegiňize ýol bermäň. Hudaýymyzyň biziň ähli mätäçliklerimizi kanagatlandyrmaga we bizi her dürli ýollar bilen bereketlemäge güýji ýetýändir. Edil häziriň özünde imanyňyzy beýan etmäniň täze we has ýönekeý usullaryny gözlemäge başlaň. Bu meselede-de Mukaddes Ruhuň gönükdirmesine ynanyň.
Rollarda türgenleşmek:
Hytaýdaky öý ýygnaklarynyň göreldesine eýeriň:
1. Aýdymlary ýuwaşjadan aýdyň
Hytaýdaky mesihileriň köpüsi ogrynça duşuşýarlar. Olar özleriniň duşuşýanyny goňşularynyň bilmegini islemeýärler. Olar ruhy aýdymlary aýtmagy gaty gowy görýärler, şonuň üçin hem biri-birlerine ýakyn oturýarlar-da, pyşyrdaşyp aýdym aýdýarlar.
2. Mukaddes Kitaplardan parçalary ýazyp alyň
Hytaýdaky käbir öý ýygnanyşyklarynda Mukaddes Ýazgydan parçalary ýazyp alýandyklarynyň sebäbi, bu mesihilerde Mukaddes Kitabyň azlygy däl-de, olaryň bu usuly Hudaýyň Sözüni kalbyňa çuň ekmegiň iň gowy ýoly hasaplamagyndadyr. Toparyň her bir agzasy eli bilen Mukaddes Kitapdan bäş ýa-da on aýady ýazyp alýar-da, olary ýat tutýar. Soň aýatlar ýazylan kagyzlary birleşdirip ýelimleýärler-de, golýazma meňzeş bir zady emele getirýärler. Soň ony mesihileriň birine gowşurýarlar.
3. Özüňiziň görgüde we hasratda toplan tejribeleriňizi paýlaşyň
Toparyň her bir agzasy özüniň Isa üçin nähili görgi görendigi barada gürrüň bermelidir. Eger Hytaýdaky öý ýygnanyşyklarda siz: «Meniň durmuşymdaky hemme zat gül ýaly» diýseňiz, onda hemmeler siziň ruhy durmuşyňyzda bir zat ýetmezçilik edýär diýip hasaplar. Eger siz Mesih üçin ähmiýetli bolýan bolsaňyz, onda görgüler barada gürrüň berere zat hökmany suratda tapylaýmaly. Bolmasa, siziň mesihidigiňizi nädip bilsinler? Oýlanyp görüň, bu pursat adama töweregindäki dünýäniň öňünde başgaça görünmeklige nähili batyrlyk berýär.
4. Her täze hepdäni täze Mukaddes Kitap aýatlary bilen ýaşap geçiriň
Öý ýygnanyşyklarynyň mesihileri köplenç Hudaýa Mukaddes Ýazgydan aýat bermegini sorap ýüzlenýärler. Soň bütin hepdäniň dowamyndaky, ýagny şu ýedi günüň içinde bolan wakalaryň hemmesini şol aýadyň mazmuny bilen deňeşdirýärler. Indiki hepdede olar toparda belli bir aýadyň esasynda durmuş mekdebinde öwrenen zatlarynyň hemmesini gürrüň berýärler.
5. Göýä türmede oturan deýin dileg ediň
Türmedäki ýaşaýyş şertleri örän agyrdyr. Düzgün bolşy ýaly, kameralar hem örän dar bolýar. Wençžoudaky käbir öý ýygnaklaryndaky mesihiler özlerini tussaglykdaky doganlary bilen meňzeş hasaplap, jaýyň meýdanyny on iki fut uzynlykda edip goýup çäk aýlaýarlar, soň onuň içinde gysylyşyp, hatar-hatar bolup ýatýarlar. Ýatan ýerlerinde olar türmede oturanlar üçin dileg edýärler, öz ýakynlarynyň ýaşaýan şertlerini ýatlaýarlar.
6. Öz ýurduňyzdaky Hoş Habaryň wagyz edilmegine mätäç bolan sebitler üçin dileg ediň
Hytaýdaky öý ýygnanyşyklary ýurduň Hoş Habaryň wagyz edilmegine mätäç bolan sebitleri üçin dileg etmeklige diýseň köp wagt sarp edýärler. Bular musulmanlaryň ýaşaýan ýeri Hanýandyr we Dalaý lamanyň yzyna eýerýänleriň ýaşaýan ýeri bolan Daglyk Tibetdir. Siz hem öz dilegleriňizde öz ýurduňyzyň Hoş Habaryň baryp ýetmedik ýerleri üçin dileg edip bilersiňiz.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Kommunizm Hytaýdaky we Efiopiýadaky Ýygnagy ýok edip ýa-da ony özgerdip bildimi? Öz jopgabyňyzy delillendiriň we takyklaň.
2. Siz haçan hem bolsa bir wagt mesihilik gatnaşygy babatda şu bapda berlişi ýaly görnüşde oýlanyp görüpmidiňiz? Siziň özüňiz şonuň ýaly gürrüňdeşlige gatnaşyp görüpmidiňiz?
3. Eger ýygnak topary ulalyp, öýde ýygnanyşardan has uly bolan ýagdaýynda näme etmeli?
4. Mesihileri daş sebitlere goýbermek bilen şeýtan näme gazanmaga çalyşýar? Şeýtanyň şunuň ýaly täri özüne garşy öwrülip bilermi? Nädip şeýle bolup biler?
5. Ýerli şertlere öwrenişmek üçin siz resmi taýdan ykrar edilen ýygnagyň käbir «düzediş» praktikasyna gitmäge synanyşyp gördüňizmi? Bu mowzugy ara alyp maslahatlaşyň. (Üns beriň! Biziň sapaklarymyzy ulanmaklyk hem köp ýagdaýlarda «düzetme» serişdeleriniň biri bolup durýandyr.)
7-nji bap
MESIHI MAŞGALA
Işaýa 54:13
Gowşak bedenli bir garry adam oglunyň maşgalasyna göçüp barýar. Onuň maşgalasynda ogly we aýaly bilen dört ýaşlyja agtygy bolupdyr. Gojanyň elleri saňňyldaýardy, gözleri-de kütelipdi, aýaklaram diýen etmeýärdi. Maşgala saçagyň başyna ýygnanýardy. Nahar wagtynda ol nahary görüp bilmeýärdi, şonuň üçin hem saňňyldaýan eli bilen iýmek oňa kyn düşýärdi. Onuň çemçesindäki nahary ýere gaçýardy, käsäni eline alanda bolsa, saçagyň üstüne süýt dökülýärdi.
Munuň ýaly ýagdaý ogly bilen gelniniň gaharyny getirip başlady. «Kakamy bir zad-a etmeli» diýip, ogly aýtdy. «Süýt dökülen saçak, saçagyň başyndaky şapyldy we ýere düşen naharlar meniň halys ýüregime düşdi» diýip, gelni hem äriniň sözüne goşuldy. Ýaşlar goja üçin burçda bir stoljyk goýdular. Beýlekileriň hemmesi biri-biri bilen gürrüňdeşlikden lezzet alýarkalar, ol ýerde gojanyň ýekeje özi oturýardy.
Goja birnäçe käsäni we okarany döweni üçin oňa agaçdan ýasalan ýalpak gapda nahar berip başladylar. Maşgala agzalary käwagt ol tarapa gözleriniň gytagyny aýlanda, ýalňyzlyk çekýän gojanyň gözünde ýaşyň bardygyny görýärdiler. Şonda-da olar goja ýabagy ýere gaçyranda ýa-da käsesindäki suwy döken mahalynda onuň üçin öwüt beriji sözleri tapýardylar.
Dört ýaşlyja çaga bolýan zatlary sesini çykarman synlaýardy. Bir gezek agşamlyk naharynyň öň ýanynda kakasy oglunyň ýerde agaç kesindilerini oýnap oturanyny görýär. Şonda ol oglundan mylaýymlyk bilen: «Oglum, sen näme edýärsiň?» diýip soraýar.
Ogly hem edil şonuň ýaly mylaýymlyk bilen: «Men ullakan bolanymda siz nahar guýup iýer ýaly, ejem bilen seniň üçin agaçdan ýalpak gap ýasaýaryn» diýýär. Soň oglanjyk ýylgyrýar-da, ýene-de işini dowam etdiriberýär.
Bu sözler edil gök gürrüldisi kimin ýaňlanyp, onuň ene-atasyny haýran galdyrdy. Olar näme jogap berjekdiklerini bilmediler. Soň olaryň ýüzünden ýaş syrykdy. Olar ýekeje agyzam söz aýtman, özleriniň näme etmelidiklerine düşündiler.
Şol agşam ýigit mylaýymlyk bilen kakasynyň elinden tutup, ony umumy saçagyň başyna alyp gelýär. Şondan soň goja ömrüniň galan günleriniň dowamynda bir saçagyň başynda öz maşgalasy bilen bile nahar iýdi. Eger gojanyň elinden ýabagy düşse-de, käsesindäki süýdi dökülip, saçagy hapalasa-da, indi näme üçindir ýaş ýigidem, aýalyda gaharlanmaýardy.
Çagalar geň galdyryjy derejede düşbüje bolýarlar. Olaryň gözleri hemme zatlary görýär, gulaklary hemme zady eişdýar, kelleleri bolsa, daşarky dünýäden alýan maglumatlarynyň hemmesini gaýtadan işlerýär. Eger olar biziň öz öýümizde bagtyýar we ýagşy atmosferany sabyrlylyk bilen döredişimizi görseler, onda özleri hem bütin ömrüne maşgalasyna şunuň ýaly darar.
Paýhasly ene-atalar öz çagasynyň durmuşynyň düýbüni tutup, her gün oňa kiçijik kerpiçjikleri goýýandyklaryna düşünýärler.
Iň başyndan başlap, maşgala Hudaýyň ýaradyşynyň esasy birligi bolupdyr. Hudaý dünýäni we onuň içindäki zatlaryň hemmesini ýaradanyndan soň, ýaradyş işini Öz keşbindäki adamy ýaratmak bilen jemledi. Hudaý erkegiň gapyrgasyndan alyp, aýal ýaratdy. Hudaý köp haýwanlary we ösümlikleri ýaradyşy ýaly, köp erkek bilen köp aýal hem ýaradyp, ýaşaýşyň özeni hökmünde adamyň ygtyýaryny dikeldip bilerdi. Emma Ol beýle etmedi. Ol maşgalanyň özenini ýaratdy we maşgala arkaly hem Özüniň adamzat bilen aragatnaşyklaryny berkitdi.
Bu aýratyn-da ýehudy maşgalasynyň mysalynda has aýdyň görünýär. Köne Ähtde Hudaý Ysraýyl ogullaryny ýaşaýan dünýäsinden aýrylyp çykmaklyga çagyrmazyndan öň, Ol Adam atanyň maşgalasyna Adam atanyň özüniň üsti bilen ýüzlendi. Soň hem ondan soňky nesillere maşgala baştutanlarynyň üsti bilen ýüzlendi.
Hudaýyň Nuh bilen gürleşip, onuň maşgalasyny halas edişini biz görýäris. Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Soň şol äht Ybraýymyň üsti bilen onuň bütin maşgalasy hem-de soňky nesilleri üçin güýçli bolup galdy. Hatda, Hudaý Özüni Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy diýip atlandyrdy. Şeýdibem, Özüni ösüp-örňäp barýan bu maşgala bilen deňeşdirdi. Hudaý Ýakuby on iki ogul bermek bilen bereketländen, onuň Ýakup adyny Ysraýyl diýip üýtgedenden soň, Hudaýyň halky «Ysraýyl ogullary» ady bilen meşhur boldy.
Mundan dört ýüz ýyl geçip, Musa doglan wagtynda ýewreý maşgalasynyň birligi ene-atasynyň Musanyň janyny aman saklajak bolup, öz janlaryna töwekgelçilik etmeginde ýüze çykdy. Musa Öz halkyny Müsürden çykarmak baradaky Hudaýyň çagyryşyna jogap berende, onuň dogany Harun, aýal dogany Merýem, hatda gaýyn atasy Ýitro hem Hudaý tarapyndan Musa kömek etmek üçin iberilipdi.
Hudaý çölde Musa Kanun berdi. Ýewreýler şol Kanunyň bir ýygyndysyny «şma» diýip atlandyrýarlar (Kanun taglymaty 6:3–9; 11:18–21 seret). Şol ýygyndyda maşgala we onuň borçlary barada gürrüň berilýär. Onda Hudaýyň Kimligi baradaky taglymat, Rebbi bütin ýüregiň bilen söýmek, bu hakykatlary çagalaryňa-da öwretmek we şol taglymaty hemişe ýatladyp durmak bilen berkitmelidigi baradaky tabşyryk berlipdir. Hudaýyň Sözi hemişe adam bilen bile bolmalydyr.
Ýewreý baýramçylyklary hem maşgalany berkidip, onuň agzalaryny Hudaýa ýakynlaşdyrmaly bolupdyr. Pesah baýramy wagtynda şol ojagyň atasy maşgalanyň ruhy ýolbaşçysynyň rolunda has-da göze görnükli çykyş edipdir. Bu borçlary uly ogluna geçirmeklik her bir ata berk tabşyrylypdyr. Ysraýylyň uzak taryhynyň dowamynda, ýagny Mukaddes çadyrdan we Ybadathanadan başlap, sinagoga çenli Hudaýa sežde etmeklik we wepalylygy saklamaklyk hut maşgalada saklanylypdyr. Sinagoga gurar ýaly derejede ýewreýleriň sanynyň ýeterlik bolmadyk ýa-da milletparazlygyň güýçli bolmagy netijesinde ýewreýleriň aç-açan sežde edip bilmedik ýurtlarynda, ýehudy maşgalasy ruhy tarapdan özbaşdak saklandy. Şol maşgala bilen bilelikde hem ýehudylyk saklanyldy.
Maşgala baradaky täzeäht taglymaty özüne köneäht taglymatynyň üstüne täze takyklygyň goşulan görnüşini siňdirip aldy. Är-aýal bir bütewilik bolýar, ýöne är Mesihiň Ýygnagyň Başy bolşy ýaly, maşgalanyň ruhy ýolbaşçysy bolýar (Efesliler 5:21–23 seret), ýöne şonda-da är-aýalyň ikisi-de biri-birine boýun bolmalydyr. Çagalary hem «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» gerekdir (Efesliler 6:1–4; Koloseliler 3:20–21).
Hudaý diňe bir maşgala institutyny dikeltmän, eýsem Ol maşgalany goraýan kanunlary hem berdi. On tabşyrygyň altysy şahsyýetler arasyndaky gatnaşyklara degişlidir. Olaryň üçüsi maşgalany goramaklyga niýetlenilipdir:
• Ene-ataňy syla;
• Zynahorluk etme;
• Öz ýakynyň aýalyna göz gyzdyrma (Çykyş 20:7–17).
Hudaý Öz maksadyny ilki bilen maşgalanyň gurulmagyna gönükdirdi. Soň ony içinden bozulmakdan gorady. Ondan soň hem maşgalany daşardan edilýän hüjümlerden gorag bilen üpjün etdi. Isa zyna düşünjesini giňeltmek arkaly (Matta 5:27–28 seret) we ýanýoldaşyna biwepalyk etmeklikden başga ýagdaýda aýrylyşmagy gadagan etmek (Matta 5:32 seret) bilen şol goragy güýçlendirdi.
Maşgala birleşiginiň berk bolmagynyň Hudaýyň iň gowy maksadydygyny Isa aýdypdy. Ine, näme üçin Pawlus özüniň hatlarynda nika we maşgala baradaky taglymatlary giňden teklip edýän eken. Ol Timoteosa ýazan hatynda öz öýündäkileriň aladasyny etmeýän adamyň imansyz adamdan hem beterdigini aýdýar (1 Timoteos 5:8 seret).
Mesihilik syýasy düzgünleri bolmadyk köp ýurtlarda Rebbe maşgala bolup sežde etme däpleri mesihi maşgalalaryny kyn ýagdaýda goýýar. Munuň ýaly syýasy sistemalar maşgala esaslaryna zyýan ýetirýär, sebäbi olar üçin döwlet bähbitleri ene-ata bähbitlerinden ýokary bolýar. Olar diktatorlyk tekepbirligini amala aşyryp, şahsy garaýyşlary boýunça, ene-atalary hiç bir esassyz öz çagalaryny terbiýeleme hukugyndan mahrum edýärler hem-de döwlet çagalar baglary sistemasynyň üsti bilen çagalarda ahlak häsiýetleri terbiýelemäge maşgalalary zor bilen jogapkär etmäge çalyşýarlar. Olar çaganyň aklyna we içki dünýäsine täsir edip, ene-ata terbiýesiniň ýerini tutýarlar, şeýdibem, çaganyň göz öňünde maşgalanyň we ene-ata ojagynyň wajyplygyny peseltmek isleýärler.
1. Wagt
Totalitar režimli käbir ýurtlarda maşgala edilýän hüjüm has-da gazaplydyr. Bu ýurtlardaky häkimiýet gurluşy maşgalanyň bile bolup biläýjek wagtyny soňky derejesine çenli azaldýar. Ene-atalaryň ikisi-de öýden daşarda, işde bolmaly bolýarlar. Döwlet bolsa, şol wagtda olaryň çagalarynyň «aladasyny» edýär. Ene-atalaryň çagalary bilen bile bolup biläýjek boş wagtlary hem hökmany suratda baraýmaly bolan partiýa ýygnaklaryna ýa-da ujypsyzja azyk we gerek bolan zatlary almak üçin durulýan uzyn nobatlara sarp edilýär.
2. Okuw
Çagalaryň döwlet terbiýeçileriniň hossarlygy astynda bolan bütin wagtynyň dowamynda, olaryň akly güýçli täsir etmelere duçar edilýär. Olar esasan hem mesihilige garşy bolan we kem-kemden maşgala gymmatlyklaryny weýran edýän terbiýäni alýarlar.
Köplenç çagalara ene-atasynyň yzyndan «içalylyk» etmekligi öwredýärler. Bu nädogry jümle, sebäbi ol çagalar öz ene-atalaryna erbet zyýan ýetirýändiklerine düşünerler diýip niýet edýär. Adatça bu zatlar gizlin, göräýmäge göze ilmeýän usul bilen edilýär. Çagalara «synçy» bolmaklygy öwredýärler. Eger çagalar ene-atasynyň özüni alyp barşynda «adaty bolmadyk» bir zady görseler, onda bu barada terbiýeçisine aýdýarlar. Munuň üçin olary sylaglaýarlar. Çagalaryň köpüsi üçin bu ýöne bir oýun bolup durýar, ýöne döwletleriň köpüsinde çagalar häkimiýet üçin wajyp maglumat çeşmesi bolýarlar.
Mysal üçin, Wýetnam dargandan soň, on iki ýaşdan kiçi bolan çagalaryň gelip aýdandygy üçin ýurtdan gaçmaga synanyşanlaryň köpüsi öldürildi ýa-da tussag edildi. Wýetnamly mesihiler öz maşgalasyndaky iň çynlakaý kynçylygyň kiçi çaga Mesih barada gürrüň bermäge ýürek etmede bolup durýandygyny gürrüň berýärler. Eger çaga has ir aýtsaň, onda ol bu barada aýtmaly däl adamlara aýdýar. Munuň netijesinde-de, maşgala ejir çekýär.
Ene-atalary öz çagasyny terbiýelemek hukugyndan mahrum etmeklik Hytaýda adaty zatdyr. Eger ene-atasynyň öz çagasyna Mesih barada gürrüň berýändigini häkimiýet biläýse, onda onuň çagany alyp gidip, ýetimler öýüne ýerleşdirmegi gaty ahmaldyr. Eger ene-ata çagalaryna Hoş Habary aýtmaklygy gaýra goýsa, onda çaganyň mesihilige garşy bolan aňyýetiň täsiri astyna düşmegi mümkin.
3. Özüne çekiji gazanç
Köplenç mesihiler öz çagalarynyň hereket edýän režimiň duzagyna hiç haçan düşmejekdigine türkanalyk bilen ynanýarlar. Bu bolsa çynlakaý ýalňyşlykdyr. Repressiw döwlet ikirjiňlenip durmazdan, çagalaryň özleriniň edip bilmejek zatlaryny wada berýärler. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de olar ýerine ýetirip biljek we ýerine ýetirip ýören örän düýpli wadalaryny hem berýärler. Idealistik meýilli ýaş ýigitleri köplenç durmuş taýdan adalatlylyga gönükdirilen programmalar özüne çekýär. Köp mesihiler ykdysady derejesi pes bolan sebitlerde ýaşaýarlar. Ol ýerlerde az sanly bolan baýlar bilen gözgyny ýagdaýda ýaşaýan çendenaşa köp sanly bolan adamlaryň arasynda ummanyň bardygy göze dürtülip dur. Döwlet öz programmalaryny durmuşa geçirip başlanda, Hytaýda bolşy ýaly, ýaş idealistleri häkimiýet bilen bile işleme perspektiwalary özüne çekip başlaýar.
Ýaşlara güýçli täsirini ýetirýän başga bir faktor — tebigy watansöýüjilik duýgusy bolup durýar. Repressiw häkimiýet ýokary galanda, ol «halk duşmanlaryny», ýagny özüne gyzgyn goldaw bermeýän adamlary ýazgarmaga jan edýär. Psihika edilýän munuň ýaly basyşlara çydam etmeklik ýaş ýigitlere gaty kyn düşýär.
Ýaş mesihiler ýurduň beýleki adamlaryna garanda, adalatsyzlyga we parahorlyga has duýgur bolmalydyrlar. Döwlet durmuş taýdan deňligi we adalatlylygy wada berende, bu örän özüne çekiji zat bolýar. Repressiw režimiň syýasatyny gowy bilýän adamlar häkimiýetiň öz wadasynda durmaga güýjüniň ýetmeýändigini, onuň şygarlarynyň durmuşa diňe ýaragyň hem-de tikenli demir simleriň kömegi bilen ornaşdyrylýandygyny bilýärler. Ýöne ýaş idealizm bu howpa düşünmeýär.
Kommunistler öz maksatlaryna ýetmek üçin hemişe ýaşlary ulanýardy hem-de Ýygnagyň abraýyny gaçyrmak üçin ellerinden gelenini edýärdiler. Olar, hatda, Mukaddes Ýazgynyň mertebesini hem-de Mesihiň hudaýlygyny inkär edýän liberal ýygnak ýolbaşçylarynyň aýdan sözlerini-de ulanýardylar. Häkimiýetiň çagalary we ýaşlary hakykat ýolundan sowjak bolýandygyna diňe Hudaýyň Sözüne berk ýapyşan mesihi maşgalasy düşünip bilýär.
4. Geljek: bilim we iş
Eger ýaşlar öz imanyny ygtybarly saklaýan bolsa, onda olar imany üçin töleg tölemäge taýýar bolmalydyrlar. Ýaş ýigitleri ýokary okuw jaýlaryna kabul etmezlikleri mümkin. Iş ýerlerinde olary gulluk basgançaklary boýunça ýokary çykarmazlyklary ahmal. Iman zerarly yzarlanylmadan bütin maşgalanyň ejir çekmegi, hatda fiziki zorlugy-da görmegi mümkin. Ýöne mesihi maşgalalary özleriniň Ýygnagyň berk durmagy üçin oýnaýan wajyp roluna düşünseler, olar hemme zada döz gelmek üçin ellerinde baryny ederler.
Mesihi bolmaklyk syýasy meselelere we durmuş taýdan adalatlylyga biperwaý bolmaklygy aňlatmaýar. Ýöne ýurtdaky üýtgeşmeleriň hemmesi maşgala esaslaryny weýran etmäniň we Ýygnagy inkär etmäniň däl-de, Mukaddes Kitap esasynda edilmelidir.
Duşmanyň mesihi maşgalasynyň garşysyna yglan eden urşunda ýeňişi üpjün etmek üçin maşgalalar örän köp zatlary edip biler. Mesihi maşgalasy öz düýbünde Ýygnagyň binýady bolup durýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, maşgala Ýygnagyň özüniň kiçijik bir gürnüşi bolýar.
1. Mukaddes Kitaby bileje öwreniň
Hudaýyň Sözüni bütin maşgala bile öwrenmelidir hem-de Mukaddes Kitabyň maşgala baradaky taglymatyny gowy bilmelidir. Mukaddes Kitap taglymatynda beýan edilen özara gatnaşyklaryny dikeltmeklige örän çynlakaý garamak gerekdir. Bu Mukaddes Kitap standartlaryny özüňi alyp barşyň kadalary hökmünde kabul etmek üçin ädilen birinji we wajyp ädimdir. Berk mesihi maşgalasy diňe bilimiň üstünde gurlup bilmez. Mukaddes Kitap düzgünlerine wepalylygy iş ýüzünde görkezmeklik hökmandyr.
2. Çagalary Hudaýa bagyş ediň
Ene-atalar özleriniň her bir çagasyny Hudaýa bagyş etmelidir. Muny ýygnakdaky «bagyş etme dabarasynda» ýa-da öýde ýöne bir bagyş etme akty bilen edip bilersiňiz. Şunuň ýaly bagyş etmäni Hudaý halaýandyr. Eger biz Hudaýa baryp çagalykda bagyş edilen, häzir hem Oňa işjeň hyzmat edip ýören adamlary prosent gatnaşygynda bilýän bolsak, gaty haýran galardyk. Mesihi serdarlarynyň durmuş taryhy bilen, hatda ýüzleý tanyşmaklyk hem bu tezisi tassyklar. Elbetde, munuň ýaly bagyş etme ene-atalaryň çagalaryna ýetirjek ruhy täsiriniň diňe başlangyjy bolmalydyr.
3. Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesini ýerine ýetiriň
Mesihi maşgalasy Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesini-de işjeňlik bilen ýerine ýetirmelidir. Maşgala bäş wezipeleriň ýerine ýetirilişini bilelikde sežde etmeklikden başlap biler. Muny her hili ýollar bilen edip bolar. Mysal üçin, Mukaddes Kitaby bile okamak, dileg etmek, ruhlandyryjy mesihi sazlaryny diňlemek, soň hem Rebbi şöhratlandyrmak bolar. Mundan soň irki Ýygnagyň göreldesine eýerip, Rebbiň agşamyna gatnaşmaklyk ýa-da muny sežde etmäniň beýleki görnüşleri bilen baglanyşdyrmak bolar.
Sežde etmeklik köp ýagdaýlarda, aýratyn hem, sežde ediş ýagdaýyna Rebbiň agşamyny-da goşsak, onda ýehudy Pesahyna meňzeş bolup biler. Sežde etmäniň şunuň ýaly görnüşi bütin maşgala ruhy taýdan güýçli täsirini ýetirer we ony berkider. Şeýle hem, maşgalanyň içinde Mukaddes Kitaby we onuň taglymatlaryny öwrenme işlerini geçirmek gerekdir. Käwagt maşgalada tötänden gürrüňi edilen kyn taglymatly sorag çagalara ýygnakdaky köp wagyz sözlerinden güýçli täsir edýär.
Ýatdan çykarmaň, mesihilik bilimi maşgaladan başlanmalydyr, ýöne epizodly maşgala dileg etmeleri ýeterlik däldir. Maşgala bilelikde dileg etme wagtyny her gün geçirmäge dyrjaşmalydyr. Şeýle hem, Mukaddes Ýazgynyň yzygiderli okalyşyny we öwrenilişini meýilleşdirmelidir. Bu atanyň maşgalanyň ruhy ýolbaşçysy bolmakdaky Mukaddes Kitap taglymatyny berkidip bilmegine kömek etjek iň gowy usuldyr.
Şu günki günde mesihi maşgalasy gatnaşyga we ýygnanyşyga diýseň mätäçdir. Maşgalanyň agzalary biri-biri bilen edilýän gatnaşyklara şatlanmaklygy we biri-biriniň aladasyny işjeňlik bilen etmekligi öwrenmelidir. Maşgalanyň beýleki agzalarynyň mätäçliklerini duýýan mesihiler özleriniň ähli işlerinde söýgüsini görkezmekligi öwrenmelidirler.
Maşgala agzalary biri-birleriniň ýüküni götermekligi öwrenenlerinde, olar özlerini gurşap alan dünýä Hoş habary wagyz etmäge çykyp bilerler. Ilki bilen olar Hoş Habary garyndaşlaryna, soň goňşularyna hem dostlaryna aýdarlar. Olaryň köpüsiniň Mesih barada hiç zat bilmeýän bolmagy hem mümkin bolup biler. Söýgüsi bolan we gulluk etmäge taýýar bolan maşgala inkär edip bolmajak Hoş Habar hatyna öwrülip biler. Tejribeli mesihiler Hudaýa bolan imana garyndaşlaryňy hem-de dostlaryňy getirmegiň kyndygyny, ýöne maşgalanyň durmuşynyň özi Mesih baradaky şaýatlyk bolup dursa, onda Hoş Habary wagyz etmäniň has hem diri we täsirli bolýandygyny aýdýarlar. Şunuň ýaly maşgalanyň özi töweregindäkileriň hemmesi üçin şaýatlyk bolýar.
Biral atly aýal doganymyz diňe arap dilinde dileg edip bilýän musulmandy. Şunuň arkasyndan hem ol Günorta Filippindäki kiçijik adadaky goňşularynyň hormatyna we sylagyna mynasyp boldy. Häzir bolsa Biral doganymyz mesihi boldy. Ol yzarlanylýandygyna garamazdan, Reb üçin wepaly zähmet çekmesini dowam etdirýär. Ol adamsy bilen bilelikde ýygnagyň üstünde perwana bolýarlar. Olaryň ýygnagy esasan hem öňki musulmanlardan ybarat.
Olaryň öýi söýgüden doly. Goňşularynyň çagalary hem Biralyň çagalary bilen oýnamak üçin olaryň öýüne gelmegi gowy görýärler. Olaryň öýüne gelýän çagalar özlerine adaty bolmadyk zat garaşýan öýde bolmagy halaýarlar. Ol ýerde çagalara uly söýgi bilen garaýarlar. Öýünde hemişe başga çagalaryň bolmagy Biral doganymyza Mesihiň söýgüsini olar bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Munuň ýaly maşgala adamlaryň ünsüni Mesihe çekýär.
Maşgala özünde Mesihiň halas ediş güýjüni duýdugyça, ýygnak hökmünde hereket etmegi öwrenmelidir.
4. Dileg etmede görelde görkeziň
Ene-atalar çagalaryna ruhlanyp dileg etmede görelde görkezmelidir. Bu olaryň şahsy dileg durmuşlaryna, şeýle hem, kiçijik dileg etme ýygnanyşygy hökmündäki maşgala ýolbaşçylyk etmesine degişlidir. Dileg durmuşynyň ýaýbaňlanmagy üçin Hudaýyň dileglere berýän jogaplaryny tanamagy öwrenmeklik diýseň zerurdyr. Çagalaryň eli sowamaz ýaly we imanda gowşamazlygy üçin ene-atalar bu meselede olara kömek edip bilerler.
Käwagt Hudaý özleriniň haýyş edip soran zatlarynyň hemmesini berer diýip, çagalar nädogry pikir edýärler. Ýygnagyň käbir garşydaşlary çagalary bir zat, aýdaly, süýji berilmegi üçin dileg etmeklige ruhlandyrmak bilen, olaryň dilege bolan ynamyny weýran etmek isleýärler. Dileg edilýän maşgalalarda önüp-ösen çagalar munuň ýaly mekirlige ýa-da duzaga aňsat özlerini aldyrmaýar. Şu dört şerti ýerine ýetirýän mesihi maşgalasy imanda berk durar hem-de özüniň yzarlanylýan ýygnagyna tä aç-açan hereket etmäge rugsat berilýänçä kömek eder. Eger häkimiýet ýygnagyň işlemegine rugsat etmän, ýene-de gadagan etse, şunuň ýaly maşgala edil öňküsi ýaly, Rebde berk durar.
Berk mesihi maşgalasyny gurmak üçin Ýygnak näme edip biler? Eýýäm häzirden başlap Ýygnagyň şu ugurda ädim ädip başlamalydygy göze dürtülip durandyr. Ine, mesihi maşgalasyny berkitmek üçin berlen maslahatlaryň birnäçesi. Olary dürli ýurtlardan bolan mesihiler biziň bilen paýlaşdylar. Siz hem bu maslahatlary öz ýygnanyşygyňyzdaky beýleki mesihiler bilen paýlaşyp bilersiňiz.
1. Her bir mesihä Mukaddes Kitabyň maşgala baradaky taglymatyny düşündiriň
Maşgala ojagyny dargadýan döwrebap durmuş nukdaý-nazarlaryndan bilgeşleýin el çekmegimiz gerek. Şeýtan azat jemgyýetde hem mesihilige garşy häkimiýeti bolan ýurtlarda ulanan usullaryny bildirmän ulanýar. Mesihiler we olaryň ýygnaklary nikany berkitme işleri arkaly är-aýalyň aýrylyşmasyny aradan aýyrmalydyr. Är-aýallaryň aýrylyşmalary dünýäniň hemme ýurtlaryna-da mahsusdyr, ýöne mesihileriň arasyndaky aýrylyşmalar bizi gaýgylanmaga mejbur edýär.
Ýerli ýygnaklar maşgala durmuşynyň Mukaddes Kitap standartlarynyň hemme jähtlerine, ýagny iň pynhan gatnaşyklardan başlap, maddy ýagdaýlaryna çenli düşünmäge mesihilere kömek etmelidirler. Ýygnaklar şu standartlary ýaşlaryň aňyna ornaşdyryp, olary nika durmuşyna taýýarlamalydyrlar. Eger şeýle edilse, maşgalalar halas ediler we özleriniň Hudaýyň öňünde ýörme işlerinde berkärler.
2. Iman eden ýaşlara öz maşgalalaryny terk etmezligi öwrediň
Ýaşlara öz ene-atalaryna hormat goýmaklygy we halal ýaşaýyşlary bilen olary Mesihe getirmäge synanyşmagy öwretmek gerek. Gynansakda, ene-atalarynyň mesihi dälligi sebäpli, maşgalanyň durmuşyna gatnaşmakdan ýüz öwürmekligi köp maslahat berýärler. Bu çynlakaý ýalňyşlykdyr. Eger azajyk hem mümkinçilik bar bolsa, onda ýaş mesihiler öz maşgalalarynda galmaklyga çalyşmalydyrlar. Eger olar mesihilige duşmançylykly bolan durmuşda, mysal üçin, ateistik ýa-da musulman maşgalasynda ýaşan bolsa, onda ýaş mesihiniň maşgalasynda galmagy has-da ýerlikli zatdyr. Käwagt beýle etmeklik asla mümkin bolmaýar. Şeýle-de bolsa, ýaş mesihilere maşgalalarynda galmaklyk öwredilmelidir.
Mukaddes Kitapda imanly adamyň özüni imansyz adam bilen nikalaşmagy arkaly baglamaly däldigi berk aýdylýar. Ýöne Mukaddes Kitapda eger ýanýoldaşlaryň biri imanly bolsa, beýlekisi-de däl bolsa, onda imanly adamyň nikany saklap, ýanýoldaşyny söýgi bilen Rebbe getirmäge çalyşmalydygy-da aýdylýar (1 Korintoslylar 7:10–17 seret).
3. Öz ýygnagyňyzda maşgalasy ýok adamlar üçin maşgala atmosferasyny döretmäge kömek ediň
Eger haýsydyr bir mesihi maşgala şunuň ýaly mesihini «ogullyga alsa», onda munuň ýaly kömegi edip bolar. Ýygnakda her bir mesihiniň özüni maşgalanyň agzasy saýmaga mümkinçiligi bolary ýaly, Ýygnak şunuň ýaly özara gatnaşyklary goldamalydyr. Eger ýygnak kiçi bolsa, onda onuň özi öz içinde maşgala gatnaşyklaryny döredip biler. Käbir ýygnaklar şunuň ýaly aragatnaşyklary asla bolmasa-da, olar özlerinde bardyr öýdýärler.
Muny barlamak aňsatdyr. Öz ýygnagyňyzyň agzalarynyň arasynda soňky dynç günlerini ýeke geçiren adamyň bardygyny ýa-da ýokdugyny derňäň. Siz öz maşgalaňyzdan kim-de bolsa birini maşgala baýramçylygyna çagyryp bilermisiňiz? Timoteosa mesihilere öz maşgala agzalaryň biri ýaly garamalydygynyň gerekdigi barada ýazanda, Pawlus hut şunuň ýaly aragatnaşyklar barada gürrüň etdi (1 Timoteos 5:1–2; Rimliler 16:1, 13; Titus 1:4; 1 Timoteos 1:2 seret).
4. Mesihilik okuwynyň programmasyny maşgala meselesi boýunça düzüň
Maşgalalara ders bereniňizde, mysal üçin bazar güni mekdeplerinde, maşgalany ýaşy boýunça dürli synplara bölmezlige çalşyň. Gaýtam tersine, ýygnak ýaşulularynyň ýa-da ýolbaşçylarynyň kömegi bilen maşgala agzalarynyň hemmesini bile okamaklyga ruhlandyryň. Hemme maşgalalaryň şol bir zady öwrenmekleri hökmany zat däldir. Olar dürli mowzuklary öwrenip, dürli öwrediji materiallary ulanyp bilerler. Adaty bazar güni mekdebindäkiden düýpgöter tapawutlanýan şunuň ýaly usulyň maşgalany näderejede berkidip bilşiniň bahasyna ýetip bolmaz. Bu usul, hatda, bütin ýygnagyň durmuşyna täze akymy guýduryp biler!
5. Ýygnagyň bäş wezipesini öz durmuşynda amal etmäge maşgala kömek ediň
Käbir resmi taýdan ykrar edilen ýygnaklar bu pikire öz abraýyna we ygtyýaryna howp salýan zat ýaly görüp, ony goldamaz. Olar çagany el goýlan mukaddesiň däl-de, ene-atanyň özüniň suwa çümdürip bilýändigi baradaky pikire garşy çykýarlar. Olar öz öýünde Rebbiň agşamy geçirmäge synanyşýan maşgalalaryň üstünden gülýärler. Olar atanyň mugallym we Mukaddes Ýazgyny düşündirýän «derejesini» şübhe astyna salýarlar. Mesihi maşgalasynyň işjeň durmuşyna şunuň ýaly ters garaýyş bilen garamaklygyň özi maşgalany we ýygnagyň özüni diňe güýçden gaçyrar.
Rollarda türgenleşmek
• Bile ýygnanyşýan toparyňyzdan bir maşgalanyň kyn döwri başdan geçirýändigini siz bilýärsiňiz. Bu maşgalanyň kakasy özüniň ruhy ýolbaşçy hökmündäki borçlaryny ýerine ýetirmeýär, şeýdibem, aýaly bilen çagalaryna kynçylyk döredýär. Olaryň aragatnaşyklary diýseň dartgynly. Eger ýagdaýlar üýtgemese, onda maşgala dargaýar. Şunuň ýaly ýagdaýda siz we siziň bile ýygnanyşýan toparyňyz bu maşgala üçin näme edip bilersiňiz?
• Bu günki günde mesihilige garşy bolan güýçler mesihi maşgalalaryna hüjüm etmäge synanyşyp, olaryň çagalaryny aldaw bilen öz tarapyna çekmäge çalyşýarlar. Biziň hemmämiziň näzijek bolanlara, ýagny çagalara gerek bolan ünsi berip, olary möhüm bolan taýýarlyk bilen üpjün etmeýändigimize duşman gaty gowy düşünýär. Kommunistler öz ene-atalarynyň edýän zatlaryny gelip aýdýan çagalary hemişe sylaglaýardylar. Näme edýändigine düşünmeýän çagalar barada gürrüň gidende bu örän wawwaly mesele bolup durýar. Köp hytaý maşgalalarynda ene-atalary öz çagalaryndan özleriniň mesihi pikirlerini berk gizleýärdiler, sebäbi olaryň özleri barada kommunistlere baryp aýdaryndan gorkýardylar. Siziň çagalaryňyz imanda näderejede berk dur?
• Eger ýaşlar döwlet syýasaty babatda höwesjeňlik görkezmeseler, onda döwlet olaryň mundan beýläk bilim almagyna ýol bermeýär. Awtoritar jemgyýetlerde şunuň ýaly usul köp ýaşlary öz ene-atasynyň dini garaýyşlaryndan ýüz öwürmeklige mejbur etdi. Afrikan döwletleriniň birinde häkimiýet gurluşy özüniň şahsy syýasy esasyny berkitmek üçin butparaz däplerini dikeltmäge synanyşýar. Şonda ýaşlary hem erbet ruhlara bagyşlanan dabara gatnaşmaga mejbur edýärler. Eger dabara gatnaşmakdan ýüz öwrüläýse, onda gazaply yzarlanylma başlanýar. Mesihiler, eger häkimiýete boýun bolsalar, onda özleriniň mesihi imanyna ysnat getirerden ýa-da ony asla ýitirmekden gorkýardylar. Siziň çagalaryňyz şunuň ýaly synaga döz gelip bilermi? Siz näderdiňiz?
• Käbir ýurtlarda maşgalabaşy onuň beýleki agzalaryna dini ynamyň haýsysyny saýlamalydygyny görkezýär. Şunuň ýaly ýagdaýda mesihi bolan ene bilen çagalar näme etmeli? Olar maşgalabaşa hormat bilen garap, öz ynamyna wepalylygy nädip saklamaly?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Ruhy aýdymlaryň ýazarlarynyň biri bir gezek: «Bu dünýä Hudaýa dost däl» diýipdir. Töweregiňizdäki dünýä siziň maşgalaňyza we Hudaýyň öňünde gezmäňize nähili basyş edýär?
2. Mesihi maşgalalaryň öz çagalaryny gorap biläýjek we ýalan taglymatlar öwredilýän mesihi däl mekdepleriň şertlerinde imanda berkligine galmagyna kömek edip biläýjek tärlerini ara alyp maslahatlaşyň.
3. Siziň bile ýygnanyşýan toparyňyzda özüňizden ýaş agzalaryň giden wagty boldumy? Olary hakykat ýolundan näme alyp gitdi?
4. Siziň bile ýygnanyşýan toparyňyz öz agzalarynyň maşgala aragatnaşyklaryny berkitmek üçin näme edip biler diýip pikir edýärsiňiz?
III-NJI BÖLÜM
Dawa
8-nji bap
DUŞMANY TANAMAK
1 Ýahýa 3:8
1998-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň merkezi böleginde geçirilen konferensiýa öý ýygnanyşyklarynyň ýolbaşçylary ýygnandy. Olar iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanan kiçi toparlaryň on milliondan gowrak agzalarynyň adyndan gelen wekillerdi. Olar iň wajyp meseleleriň üçüsini saýlap alyp, olaryň çözgüdiniň tärini işläp düzdüler.
Birinji ýerde töhmet meselesi goýuldy. Ýolbaşçylar yzly-yzyna şeýle seredäýmäge göze ilmeýän bu günä sebäpli, öz ýygnaklarynyň biabraý edilişi baradaky wakalary gürrüň berdiler.
Henandan gelen öý ýygnanyşygynyň ýolbaşçylarynyň biri şeýle wakany gürrüň berdi: «Men öz işgärlerimiz üçin Mukaddes Kitaby öwrenmek boýunça kurs geçirjek bolup, etraplaryň birine bardym. Ol ýere baranymdan soň, seminar geçirilmeli jaýa özümi goýbermeýändiklerini görenimde, diýseň geň galdym. Men ýapyk duran gapynyň aňyrsyndan durup, näme bolandygyny soradym. Emma hiç kim meniň bilen gürleşmek hem islemedi. Olar meniň şol ýerden ýok bolmagymy haýyş etdiler. Bu gyş aýynda boldy, şol sebäpli hem men şäheriň bir çetine çykyp, birneme ýylynmak üçin ot ýakmakçy boldum, sebäbi meniň doňup galaýmagym mümkindi. Munuň ýaly aýazly gijäniň içinde näme bolandygyny düşündirmezden meni kowup goýbermäge bu doganlary nämäniň mejbur edendigine men hiç düşünip bilmeýärdim.
Emma doganlaryň biriniň maňa nebsi agyryp, beýlekilerden ogrynça öýüne alyp gaýtdy. Men ýuwaş-ýuwaşdan bar bolan zatlaryň anygyna ýetdim. Görüp otursam bu etrabyň ýygnanyşyklary bir anonim hat alypdyrlar. Şol hatda meni “aýallara göz gyzdyrmakda” aýyplapdyrlar. Men näme etsem-de, doganlary özümi diňlemäge ýa-da şol haty özüme görkezmeklige yryp bilmedim.
Birneme wagt geçenden soň, men başga bir etraba baranymda bu haty bir doganymyzyň ýazandygyny bildim. Men şol dogana ahlak taýdan azgynlygy sebäpli, temmi beripdim. Şonuň üçin ol şeýle etmek bilen menden aryny almagy ýüregine düwüpdir.
Men onuň ýanyna bardym. Şonda ol eden işine toba etdi. Şondan soň ol ýene bir hat ýazdy, ýöne ol birinji haty adyny goýman ýazany sebapli, oňa ynanmadylar. Biz şol etraba bile gitme kararyna geldik. Ýöne şonda-da bize gulak asmak islemediler. Şeýdip, ýygnagyň şaýatlygy abraýdan gaçdy duruberdi. Her gezek men bir ýere gitmeli bolanymda, bu gelşiksiz wakany ýatlaýaryn. Şonda şeýtan öz ýeňiş baýramçylygyny belleýär.
Bir gezek men şol toba gelen doganymyzy şäheriň daşyna alyp gitdim-de, eline jüýje berip, ony ütmegi tabşyrdym. Ol ütüp bolýança biz ýöremämizi dowam etdirdik. Ýel hem jüýje perlerini atyzlaryň içine dargatdy. Ahyrsoňy ol ütüp boldy-da: “Indi näme edeýin?” diýdi. Men hem oňa: “Perleriň hemmesini ýygna-da, jüýje ýene perli bolar ýaly, perleriň hemmesini ýerinde goýuşdyr” diýdim. Ol: “Beýle etmek asla mümkin däl” diýdi. Men hem: “Sen mamla. Seniň sözleriňiň maňa ýetiren zyýanynyň öwezini dolup bolmaýşy ýaly, bu perleri hem edil öňküsi ýaly edip ýerine goýup bolmaýar” diýip jogap berdim».
Ýygnak ýolbaşçylary töhmet günäsini soňky derejesine çenli alyp çykmak üçin köpräk söýgi görkezmelidigi we tiz-tizden duşuşyp durmalydygy barada karara geldi.
Söweş alyp barýan iki patyşalygyň, ýagny nuruň Patyşalygy bilen tümlügiň patyşalygynyň çaknyşyklarynyň kosmiki göwrüme çenli baryp ýetendigi sebäpli, mesihiler ilkinji nobatda ejir çekýärler. Her bir uruşda duşman bardyr. Ýeňiş gazanmak hem siziň duşmany näderejede tanaýandygyňyza, onuň tärine bilşiňize, onuň bilen göreşde şowly bolaýjak täri saýlaýşyňyza baglydyr.
Mesihilik durmuşynda dawanyň döremegine sebäp bolýan dört sany çeşmäniň bardygyny Mukaddes Kitap aýdýar. Olar beden ýa-da adamyň günäli tebigatydyr (Markus 7:20–23 seret), durmuş ýagdaýlarydyr (Ýahýa 16:33), dünýä düzgünleridir (Ýakup 4:4 seret), şeýtandyr (Efesliler 6:10–12; 1 Petrus 5:8 seret). Kynçylyklar gelen mahaly dawanyň çeşmesini kesgitlemek hemişe aňsat bolup durmaýar. Duşmanyň edýän ruhy hüjümleri zerarly, takyk haýsy meseleleriň döreýändigine düşünmek üçin bize tapawutlandyrma sylagy wajypdyr, sebäbi onuň niýetlerinden habarsyz däldiris (2 Korintoslylar 2:11 seret). Biz haçan söweşmelidigimizi, haçan hem öz diýenimizde durmalydygymyzy bilmelidiris!
Şeýtan, ýagny iblis Hudaýyň hem-de Onuň Ýygnagynyň duşmanydyr. «Şeýtan» sözi ýewreý we grek dillerinde «garşydaş» diýmekligi aňladýar. Başga söz bilen aýtsak, ol duşmandyr, bize we Hudaýa garşy çykýan iblisdir. Ol Hudaý ýaly bolma islegi içinde, diňe ýeke-täk Hudaýa degişli bolan derejäni eýelemäge synanyşdy.
Şeýtanyň güýçli täsir edýän mekirliginiň biri-de, hakykatyň barlygyny şübhe astyna salmaga çalyşmakdan ybaratdyr. K.S. Lýuis özüniň «Bozgagyň haty» diýen eserinde bu barada örän gelşirip gürrüň berýär. Eger biz şeýtan ýöne bir adam tebigatyna mahsus bolan erbet täsirdir diýip pikir etsek ýa-da bu dünýäde erbetligiň bardygyny haýsy-da bolsa bir ýol bilen düşündirmäge çalyşan gadymky adamlaryň pikirleriniň miwesidir diýen karara gelsek, onda seýtan diňe şat bolar.
Başga bir tarapdan, käbir adamlary aldamaklyk şeýtana başartdy. Şol aldanylan adamlar onuň Hudaý bilen deňligine, Hudaýa bäsdeş bolma ukybyna ynandylar. Emma ol Hudaýyň bäsdeşi bolup bilmez, sebäbi ol hem Hudaý tarapyndan ýaradyldy. Şeýtanyň kowlan perişde hökmünde nähilidigine Mikaýyl perişdäniň antipody hökmünde garanymyzda gowy düşünip bileris. Şeýtan hemme ýerde bolup bilme ukybyna eýe däldir. Onuň ygtyýary bilen güýji diýseň çäklidir.
Biz hiç haçan hem haýsydyr bir şahsyýeti, döwleti ýa-da dini öz «duşmanymyz» saýmaly däldiris. Biz imansyz bolan erbet we dogry däl adamlardan goralmagymyz üçin dileg etmelidiris (2 Selanikliler 3:2 seret). Şol erbet we dogry däl adamlaryň biziň öz duşmanymyz däldigini hemişe ýatda saklamalydyrys. Olar diňe adatdan daşary bolan duşmanyň, ýagny şeýtanyň özüniň girewine alan adamlarydyr. Olaryň «adam kanunlaryndan» ýokary bolan güýjüniň bardygyna, hut şol güýçleriň hem Hudaý bilen Hudaýyň Öz Ýygnagy arkaly amala aşyrýan dünýä babatdaky niýetleri bilen söweş alyp barýan güýçlerdigine düşünmelidiris (Efesliler 6:12 seret).
Mukaddes Kitap biziň duşmanymyz, ýagny şeýtan barada köp gürrüň berýär. Köne Ähtiň ýedi Kitaby bilen Täze Ähtiň ýazarlary ol barada gürrüň berýärler ýa-da onuň adyny ýöne bir tutup goýýarlar. Täze Ähtdäki şeýtana salgylanmanyň ýigrimi dokuz sanysynyň ýigrimi bäşisini Isanyň Özi aýdýar. Mukaddes Ýazgynyň: «iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär» (1 Ýahýa 3:8 seret) diýip gürrüňini edýän şeýtany barada Mukaddes Kitabyň näme diýýänini takyk bilmegimiz gerekdir. Biziň şeýtanyň özümize zeper ýetirip biläýjek ýagdaýyny döretmeli däldigimizi Pawlus aýdýar, sebäbi biz onuň niýetlerinden habarsyz däldiris (2 Korintoslylar 2:11 seret). Şeýtanyň atlarynyň we lakamlarynyň sanawy onuň käbir häsiýetlerini we gylyklaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
1. Pitneçi hökümdar
• erbet güýçleriň hökümdary (Efesliler 2:2);
• bu dünýäniň hökümdary (Ýahýa 14:30);
• bu dünýäniň taňrysy (2 Korintoslylar 4:4);
• jynlaryň hany (Matta 12:24).
2. Ýalançy
• aýyplaýjy (Ylham 12:9–11);
• ýalanyň atasy (Ýahýa 8:44)
• nur perişdesi (onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylary (2 Korintoslylar 11:14–15);
• azdyryjy şeýtan (1 Selanikliler 3:5).
3. Adam öldüriji
• arlaýjy arslan (1 Petrus 5:8–9);
• ganhor (Ýahýa 8:44).
Käwagt mesihiler şeýtanyň nireden peýda bolandygyny, Hudaýyň ony näme üçin ýaradandygyny soraýarlar. Mukaddes Kitabyň Gelip Çykyş kitabynyň 1-nji babynda berlen dünýäniň ýaradylyşyna çenli bolan wakalaryň jikme-jik suratlandyrylyşy ýok. Ýöne biz şu waka baradaky bölek-büçek edilen maglumatdan peýdalanyp bileris.
Şeýtanyň ýokary derejeli edilip ýaradylan perişde bolmagy ahmal. Perişdeleriň bir bölegi tekepbirlik edip, Hudaýa gulak asmadylar. Şeýtan has-da gedemlik edip, özüni ýene-de ýokary tutmaga synanyşýar (1 Timoteos 3:6; 2 Petrus 2:4; Ýahuda 6 seret). Netijede ol özüniň artykmaç derejesinden mahrum edilip, gökden aşak zyňylýar. Onuň bilen bilelikde, Hudaýa garşy gozgalaň etmekde oňa goşulan başga-da birnäçe perişde höküme sezewar edilýär. Olaryň bakyýetdäki ykbaly eýýäm kesgitlenilendir. Ýöne olar häzirlikçe Hudaýyň hökümine garaşyp durlar. Olar mümkin bolan tärleriň hemmesiniň üsti bilen Hudaýyň Ýygnagyny ýykmaga synanyşýarlar. Hudaýyň şunuň ýaly zatlara ýol bermeginiň sebäbi, Öz Ýygnagynyň has-da berkemeginde jemlenendir, çünki berkemeklik diňe göreşiň kömegi bilen bolup bilýär.
Bu günki gün dünýä şeýtanyň ygtyýary astyndadyr. Ol «howadaky erbet güýçleriň hökümdary» (Efesliler 2:2), «bu dünýäniň hökümdary» (Ýahýa 14:30), hatda, «bu dünýäniň taňrysy» (2 Korintoslylar 4:4) diýlip hem atlandyrylandyr. Ol Mesihiň öňünde bütin dünýädäki patyşalyklaryň özüniňkidigini aýdyp öwünýär. Mesih hem onuň bu sözlerini ýalana çykaryp durmady (Luka 4:6 seret).
Hudaý dünýäni ýaratdy-da, ony adama berdi (Gelip çykyş 1:3–30 seret), ýöne adam öz ygtyýarlygyny şeýtana berdi-de, özi hem şeýtana boýun boldy (Gelip çykyş 3:1–6 seret). Görnüşine görä, adamlar Rimlilere Hatda (6:16) şeýle aýdyňlyk bilen beýan edilen düzgüne şu wagta çenli hem düşünmeýän bolmaly. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz, ölüm üçin günäniň ýa-da dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi?» Şeýtan iň başda edişi ýaly, adamlary hemişe aldamak üçin öz ygtyýaryny, elbetde, ulanýar. Adamlar hem öňküleri ýaly, şeýtana gulluk etmeklik özlerine sagdyn, bagtly we baý durmuşy berip biler öýdýärler.
Şeýtan diňe Hudaýa öýkünip biler, ýöne onuň özi hiç zat ýaradyp ýa-da döredip bilmeýär. Hudaý bolsa «gurply ýaşaýşy» teklip edýär. Şeýtan bolsa, diňe «günäniň wagtlaýyn sapasyny sürmekligi» (Ýewreýler 11:25) teklip edýär. Hudaý bizi söýýär, şonuň üçin hem Özüni biziň üçin berdi (Rimliler 5:8), şeýtan bolsa, diňe ýigrenç bilen weýrançylyk döretmäge ukyplydyr. Ol Hudaýyň Özüni şahsy islegi boýunça söýjek satyn alnan milletlerinden dolduryljak täze gögi we täze ýeri döretme niýetine päsgel berjekdigine umyt baglaýar.
Bu dünýädäki pajygalary we manysyz ýaly bolup görünýän agyrylary görenimizde, bu dünýäniň şeýtana degişlidigini, şonuň üçin hem onuň dünýä öz islegine görä hökümdarlyk edýändigini ýatda saklamagymyz gerek (Ylham 17:17 seret). Ýöne Hudaý öňküleri ýaly, Öz satyn alan çagalarynyň tarapyny çaljak bolup, wakalaryň içine goşulýar. Biz islendik pursatda Onuň ygtyýarlygyna ýüzlenip bilýäris. Şunuň ýaly eden wagtymyzda şeýtan gaçmaly bolýar (Ýakup 4:7 seret).
Hudaýyň duşmany bolan şeýtan özüniň erbet pirimli işini nädip amala aşyrýar?
1. Şeýtan pitneçi hökümdardyr
Birinjiden, şeýtan diňe ýeke-täk Hudaýa degişli bolan häkimligi zor bilen aljak bolup, Hudaýyň garşysyna baş galdyrýar. Ol howadaky erbet güýçleriň hökümdary, bu dünýäniň hökümdary, jynlaryň hany we bu dünýäniň taňrysy diýlip atlandyrylýar.
Onuň Isany günä etmäge mejbur etjek bolup eden synanyşygy şeýtanyň nähili hereket edýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýandyr (Luka 4:1–13 seret). Ol hemişe ejizlik pursatynyň gelerine garaşýar. Şunuň ýaly ejizlik pursatynyň yzarlanylma bolmagy hem mümkin bolup biler. Şonuň ýaly pursatlarda ol günäli islegleri kanagatlandyrmagy wada berýär.
Ilki bilen şeýtan Isa Öz hudaýlyk güýjüni derwaýys bolan adam talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ulanmagy teklip edýär. Soň ol Isanyň halkyň serdary hökmünde kabul edilme islegini kanagatlandyrmaga synanyşýar. Ahyrsoňunda, şeýtan islendik ýagdaýda-da Isanyň Özüne berlen miras bolan bütin dünýäni Oňa bermekligi teklip edýär, ýöne Ol muny Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek bilen gazanmalydy. Şeýtan Isanyň ejiz ýerini tapmaga synanyşdy. Ol, hatda, Isany azdyrjak bolup, Mukaddes Ýazgydan aýatlar hem getirdi. Şeýtanyň hüjümlerini yzyna serpikdirmek üçin Isanyň Hudaýyň Sözüni ussatlyk bilen ulanandygyny bellemek gerekdir.
2. Şeýtan ýalançydyr
Mukaddes Kitap şeýtana kesgitleme bermek üçin ýene-de diabolos diýen sözi hem ulanýar. Bu söz «töhmetçi» diýmegi aňladýar. Isa şeýtanyň ýalançydygyny, ýalanyň atasydygyny gaty gowy bilýärdi (Ýahýa 8:44 seret). Onuň bu häsiýetnamasy birnäçe görnüşlerde görkezilýär.
Hudaýyň garşysyna hereket etmekde şeýtanyň ulanýan tärleriniň biri-de, Onuň sözlerini ýoýma täridir. Mysal üçin, Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaradanda, Ol olara: «Sen bagdaky islän agaçlaryňyň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şonda iýen günüň sen hökman ölersiň» (Gelip çykyş 2:16–17) diýdi. Ýöne şeýtan How ene bilen gürleşende, ol ondan: «Dogrudanam, Hudaý size: “Bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň” diýdimi?» (Gelip çykyş 3:1) diýip sorady. Ol şonda göz görtele Hudaýyň sözlerini ýoýdy. Şeýlelikde, Hudaýyň sözlerini oýnasak, biziň duzaga düşäýmegimiz ahmal.
Mukaddes Kitapda şeýtanyň nur Perişdesiniň görnüşine girip bilýändigi (2 Korintoslylar 11:14–15 seret), onuň gullukçylarynyň bolsa, dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girip bilýändigi aýdylýar.
Eýýubyň Kitabynda gürrüňi edilýän wakada şeýtan Hudaýyň ýanyna gelende, ol Onuň hyzmatkärini aýyplap başlaýar. Resul Ýahýanyň Ylhamynda (12:10) hem şeýtanyň aýyplaýjydygy barada aýdylyp: «…doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy» diýilýär.
Şonuň üçin, yzarlanma döwründe şeýtanyň ýygnaga garşy ýalan aýyplamalar ýöňkemek bilen hüjüm edýändigine haýran galyp oturmaň. Mesihiler hakykata üns bermegiň deregine, biri-birleri barada ýalan şaýatlyk etmäge başlaýarlar. Netijede, mesihileriň arasyndaky söýgi bilen ynam ýok bolýar. Ýygnakda bolsa, bölünişik, Bedeniň birligi bozulyp başlaýar. Ähtimal, durmuşyň şu ulgamynda iň pajygaly wakalar bolup geçýändir. Mesihilere şeýtanyň pirimlerini tanamak gerekdir, şonuň üçin olar biri-birleri bilen hiç bir basyşyňam, hüjümiňem gorkunç bolmajak gatnaşyklaryny dikeltmelidirler.
Hytaýdaky öý ýygnanyşyklarynyň biriniň agzalaryndan yzarlanmada güýçli bolup, hemme zada döz gelmäge nämäniň kömek edendigini soranymyzda, olar toparyň agzalaryny berk duýgy gatnaşyklaryň jebisleşdirendigini aýtdylar. Olar, dogrudanam, özlerini Mesihiň Bedeninde birigen birlik kimin duýdular. Şonuň üçin hem, ýalan aýyplamalara garamazdan, olar güýçlüligine galypdyrlar.
3. Şeýtan ganhordyr
Mukaddes Kitapda şeýtanyň ganhordygy aýdylýar (Ýahýa 8:44 seret). Ol Hudaýa meňzeş däldir, sebäbi hemişe adamy ýok etmäge çalşyp ýör. Onuň Adam ata bilen How enäni aldamakda gazanan ýeňşi olary ölüme alyp bardy. Häzir hem onda, edil öňküsi ýaly, adamyň Isa Mesihi Reb we Halasgär hökmünde tanamagyna, şol tanyşlyk arkaly hem, gutulgysyz bolan ölümden halas bolmaklaryna ýol bermezlik islegi alawlap dur.
Isa dürli topraga düşen tohumlar baradaky tymsaly gürrüň berende, Ol ýeriň gyrasyna düşen tohumlary hem agzap geçdi. Ol tohumlary uçup gelen guşlar çokup gidýärler. Reb şu ýerde Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary eşidip, oňa düşünmeýänleri göz öňünde tutdy. Iblis, ýagny şeýtan şunuň ýaly adamlaryň ýanyna gelip, olaryň ýüreklerine ekilen zady ogurlaýar (Matta 13:19).
Şeýtan, «arlaýjy arslan» kimin Ýygnagyň üstüne aç-açan hem hüjüm edip ýa- da ony özüniň näletkerde içalylarynyň kömegi bilen aldawa salmaga synanyşyp biler. Täzeäht günlerinde ol Ýygnagyň garşysyna haýbatlary, türme bendiligini, ýenjilmäni, märekäniň gazabyny, hatda ganhorlygy hem ulandy.
Ol şeýle hem, Isanyň yzyna eýeren bolup, aslynda Hoş Habary ýoýmak islän Iuda we ýehudy kanunçylary ýaly adamlary ulanyp, içden hem hereket etmäge synanyşdy. Mukaddes Kitap şeýtanyň Ýygnagyň üstüne hüjüm etmek üçin ulanýan mekirlikleriniň hemmesini bize duýdurýar. Şonuň ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigini biz bilmelidiris.
Şeýtan ganhor bolany üçin Mesihiň şägirtleri hökmünde mesihilere Hoş Habary wagyz etmeklige we imanda berkemeklige päsgel berjek bolup, her bir mümkinçilikden peýdalanar. Bagtymyza, yzarlanylma mesihilere Mesih barada şaýatlyk etmäge päsgel bermeýär. Biz bu zatlary yzarlanylýan Ýygnak baradaky berilýän gürrüňlerden bilýäris. Gaýtam Hudaý Öz Patyşalygyna mundan-da köp halas bolan adamlary alyp barjak bolup, yzarlamany ulanýar. Mesihileriň yzarlanma nähili garaýandyklaryny görenlerinde, adamlar Mesihe has-da çynlakaý darap başlaýarlar.
Şeýlelikde, mesihiler Hoş Habary wagyz etmäniň yzarlanylma döwründe has netijeli bolaýjak görnüşleri barada pikirlenmelidirler. Hökman çatryklarda durup wagyz etmeli diýen zat ýok, sebäbi munuň başga-da usullary bilen görnüşleri köpdür. Olar barada oýlanmagymyz gerek. Gözenegiň aňyrsyna düşüp, onlarça adamlary Mesihe getirýän mesihiler, megerem, iň öndürijilikli işleýän mesihiler bolsa gerek.
Duşmany tanamak örän wajyp zatdyr, ýöne hiç bir ýagdaýda-da onuň güýji we ygtyýary baradaky pikirler bilen aňyňa agram salyp ýörmeli däldir. Biz Isa Mesihe gözümizi aýyrman seretmelidiris, sebäbi biz sylagly durmuş bilen diňe Ol arkaly üpjün edilendiris. Hudaýyň güýjünden dolan Öz şägirtleriniň adamlara gulluk edip ýören wagty şeýtanyň ýyldyrym kimin aşak inenini Isa gördi (Luka 10:17–20 seret). Isa bize-de, Rimdäki ýygnaga (Rimliler 8:28 seret) ýeňiş barada ýazan Pawlusyňky ýaly ýeňşi wada berýär (Ýahýa 16:33 seret). Resul Ýahýa şeýtanyň soňky ýeňlişi barada gürrüň berýär (1 Ýahýa 3:8 seret). Ýahýanyň günlerinde ýygnaklar duşmanyň elinden köp jepalary çekse-de, haramçylyk içinde başyna giden durmuşda ýaşap, beýlekilere perwaýsyz bolan adamlaryň getiren ýalan taglymatlary özleriniň ýüreklerini dilim-dilim etse-de, şeýtan Hudaýyň mukaddeslerini ýeňip bilmedi (Ylham 3:8-10; 12:10–11; 20:10 seret).
Duşman zalym hem mekirdir. Biz bu fakty boýun almalydyrys. Ýöne şonda-da, biz ýeňişli durmuşda ýaşap bileris, sebäbi «…Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür edýändigimizi» (1 Korintoslylar 15:57) Mukaddes Kitap aýdýar.
Ýujin Peterson Ýahýanyň Hoş Habaryndaky sözleri (Ýahýa 1:4–5) başgaçarak aýdanda, şeýle diýýär: «Adamlaryň Ýaşaýşy bolan Nur garaňkylykda parlaýar. Garaňkylyk Ony söndürip bilýän däldir».
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Käwagt adamlar şeýtan ýöne bir erbet güýçdür diýip pikir edýärler. Onuň hakyky şahsyýetdigine nädip göz ýetirmeli? Näme üçin bu fakt ähmiýete eýe?
2. «Eger Hudaý bar bolýan bolsa, onda Ol näme üçin ýer titremesi (suw basma ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar) bolan wagty bigünä adamlaryň ölmegine ýol berýär?» diýen soraga nähili jogap berip bolar?
3. Erbetlik ahyrsoňunda bizi ýok etjek bolup, nädip ýagşylygyň astynda keşbini üýtgedýär-de, bizi ýalňyşlyga alyp gidýär?
4. Kimdir biri: «Şeýtan mesihä zeper ýetirip bilmez» diýipdir. Siz şu sözler bilen ylalaşýarmysyňyz? Bu barada Ýewreýlere hatda (11:32–39) näme diýilýär?
5. Şeýtanyň şu bapda gürrüňi edilen usullarynyň her birini ara alyp maslahatlaşyň. Onuň edýän hereketlerini öz töweregimizde görmek mümkinmi?
9-njy bap
DUŞMANYŇ STRATEGIÝASY
1 Petrus 5:8–9
Hytaýly ruhy çopan Wan Min-dao tussag edilenden soň, oňa örän güýçli azar berýärler. Eger ol «döwlet üçin işlese», onda ony türmeden çykarmaklyga, hatda wagyz etmeklige hem söz berýärler. Onuň düşünişine görä, ony ýalan sözlemäge mejbur edýärler. Ol bolsa, ikiýüzli durmuşda ýaşap biljek däldi.
Ruhy çopan Wan bu teklipden çürt-kesik boýun towlaýar. Emma soň ol aýaly Debrany hem tussag edendiklerini we onuň howp astyndadygyny eşidýär. Ol aýalynyň erbet iýmit zerarly saglygyny ýitirip, erbet keselländigini eşidýär. Onuň aýalyna gutulgysyz ölüm abanýardy. Bu täzelik ony şeýle bir howukdyrdy welin, ol özüni yzarlaýanlaryň «ýalany» wagyz etme şertine razy bolýar-da, döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän ýygnakda gulluk edip başlaýar.
Ol aýaly bilen ejesini howpsuz ýere goýberip, soňundan hem özüne kast etmekligi meýilleşdirdi. Adamlaryň aýtmaklaryna görä, ýüreginiň haýy gaçýança, ol köçelerde ýören ýerinde-de: «Men Petrus... Men Petrus...» diýip ýöreýän eken.
Döwlet işgärleri ruhy çopan Wanyň beýle işi etmejekdigine düşünenlerinde, onuň özi-de, aýaly Debra-da, ýene türmä salyndy. Aýalyny on bäş ýyl bendilige, ruhy çopan Wany bolsa, ömürlik bendilige höküm etdiler.
Ikinji gezek türme bendiliginiň ilki başynda Hudaý bu ruhy çopana Mika pygamberiň kitabyndan aýatlary açdy (Mika 7:7–9). Ol bu aýatlary ýene ýigrimi bir ýyllap ýatda saklady.
Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym. Eý, duşmanym heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar. Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym. Çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn, çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar. Men Onuň hakykatyny görerin.
Indi Wan Min-dao özi üçinem, aýaly üçinem gorkmaýardy. 1980-nji ýylda ony segsen ýaşynyň içinde ejizlän, gözleri-de kör diýen ýaly we gulaklary gapylan ýagdaýda azatlyga çykarýarlar. Ol türmede ýigrimi üç ýyllap gulluk edýär. Aýaly Debrany bolsa, saglyk ýagdaýy sebäpli, möhletinden üç ýyl öň boşadýarlar. Ol ömrüniň galan on bir ýylynyň dowamynda, Debra ikisiniň öz öýünde kabul eden daşary ýurtly myhmanlary üçin bolşy ýaly, Hytaý ýygnagy üçin hem ullakan goldaw we ruhlanma boldy.
Adaty uruşlarda zehinli esgerler ýeňlişi ýeňşe öwrüp bilýärler. Şeýdibem, olar uruşda üstün çykýarlar. Mukaddes Kitapda bu mowzuk köp gaýtalanýar. Bu barada Hoş Habaryň merkezi mowzugynda-da — ýşaýyş ölümiň üstünden ýeňiş gazandy diýlip aýdylýar (1 Korintoslylar 15:54–56; Ýewreýler 12:14–15 seret).
Yzarlanylýan Ýygnagyň mesihilerine Rebbiň öňündäki gezişlerinde hiç haçan hem yraň atmaýan gahrymanlara sereden ýaly seretmeli däldiris. Mukaddes Ýazgy adam tebigatyny çyn keşbinde görkezýär. Urşuň salan ýara yzlaryny ýasama usul bilen goýup bolmaýar. Hatda Isa-da, çeken jebirleriniň yzlaryny gökde hem göterer. Ol muny özümiziň adam hökmünde çäklidigimizi we halas bolmagymyz üçin tölenen iň ýokary bahany ýatda saklamagymyz üçin eder.
Biziň günä etmegimizem, ýalňyşmagymyzam mümkin, ýöne ýalňyşlyklarymyz bizi öz-özümizi ýazgarmaklyga däl-de, toba we Rebbe has-da berk baglylykdaky täzelänmä alyp barmalydyr.
Biz geçen baplarda gudratlar we alamatlar görkezmäge şeýtanyň güýjüniň ýetýändigini aýdyp geçdik (2 Selanikliler 2:9 seret), ýöne onuň bar güýji Hudaýa we Onuň Ýygnagyna garşy gönükdirilendir. Ine, näme üçin Mukaddes Kitap şeýtanyň käwagt ýerdäki hökümdarlary hem Ýygnagyň garşysyna ulanýandygyna garamazdan, biziň söweş meýdanymyzyň ýerdäki hökümdarlara garşy däldigini, ruhy güýçlere garşydygyny aýdýar (Efesliler 6:11–12 seret).
Şeýtanyň bizi günä etmäge mejbur etjek bolup edýän synanyşyklary nädogry hereketlerimiz üçin çekýän jogapkärçiligimizi üstümizden aýyrmaýar. Biz günä etmäge meýilli bolandygymyz üçin Hudaýyň öňünde jogapkärçilik çekýändiris. Şeýle hem, biz duşmanyň bizi günä iteklemek üçin edýän synanyşyklarynda ulanýan tärini bilmelidiris.
Käwagt günäniň zeleli diňe günä edýän adamyň özüne ýaýraýar. Ýöne köp ýagdaýlarda bir adamyň eden günäsi başga adamlara ep-esli derejede täsir edýär. Mysal üçin, şeýtan ilatyň bir toparynyň üstüne beýleki bir toparyň garşysyna jynsparazlyk ýigrenjini üfleýär. Netijede, käbir mesihiler hem bu elhenç günä goşulýarlar. Şeýtan söweşmegi niýetine düwen mesihilik toparlaryny beýleki mesihilere garşy zorluk etmeklige, gazaplanmaga we terrorçylyk etmäge öjükdirýär. Mesihileri şeýtan öz täsirini ýetirip bilmejek, olary imanda berkemäge kömek edip biläýjek adamlardan daşda saklamaklyga çalyşýar. Başga bir tarapdan ol ozal öz aralarynda gatnaşyk saklap ýören mesihileriň arasyna tow düşürýär hem-de bölünişik salýar.
Aşakda şeýtanyň biziň günlerimizde we şertlerimizde ulanýan usullarynyň birnäçesi sanalýar.
Bir syýasy sistema beýleki dolandyryş sistemasyna garanda «şeýtanydyr» diýip pikir etmek bolmaz. Her bir totalitar režim gözegçilik düzgünleriniň esasynda mesihilere we Ýygnaga gözegçilik edýär. Şeýlelikde, ruhy hassalygy islendik totalitar režimiň tapawutlandyryjy alamaty diýip atlandyrmak bolar.
1. Üzňelikde bolmalar we bölünişmeler
Duşmanyň iň gowy görýän usuly adamy jany-teni bilen berlen we wepaly mesihileriň arasyndan daşda saklamakdan ybaratdyr. Ol bu usuly mesihilik şaýatlyklaryny bes etdirmäge synanyşanda ulanýar. Şeýtan öz täsirini ýetirip bilmeýän mesihileriniň ýanyna ýa-da islendik imanly adamy imanda berkidip biläýjek adamyň ýanyna beýleki mesihileriň barmagyna päsgel bermäge çalyşýar. Bu gazaply täriň garşysyna göreşmeklik köp mesihilere kyn bolýar. Käwagt şeýtan ilkibaşda imanlylaryň köpçülikleýin geçirýän ýygnanyşyklaryna azar bermeklige, soň hem, ýygnak ýolbaşçylaryny ýa-ha öldürmäge, ýa-da uzak etraplara göçürmäge döwleti öjükdirýär.
Edil şol wagtda wagyz edýän maşyn işläp başlaýar. Ejiz imanlylar öz dostlarynyň nirä ýitirim bolandyklaryna ýa-da näme üçin hemme wagyzçylaryň gidenine düşünip bilmeýärler. Hut döwlet tarapyndan edilen basyşyň wagyzçylaryň birden gitmegine ýa-da mesihileriň dargamagyna sebäp bolandygyny olara hiç kim düşündirip bilmeýär. Eger gorky sebäpli beýleki mesihiler bilen gatnaşyklaryny bes edäýse, şeýtanyň ýeňdigi diýip hasaplabermelidir. Mesihiler özleriniň ruhy taýdan gatnaşykdan we şägirtçilikden daşlaşdyrmagyna ýol berseler, uzaga çeken göreşde aman galyp we ýeňiş gazanyp bilmezler.
Eger mesihiler fiziki taýdan üzňelikde saklanylsa, onda olar Mesih bilen has çuň ruhy gatnaşyklara başlamalydyrlar. Bu beýleki mesihileri tapmaga bolan güýçli höwes bilen utgaşmalydyr. Köp ýagdaýlarda ýekeje ýönekeý sözem, ýuwaş ses bilen aýdylan ýekeje bent aýdymam ýa-da tötänden göze ilen mesihilik nyşany-da beýleki «gizlin» mesihiler bilen guraljak gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna alyp baryp biler.
Käbir ýagdaýlarda mesihiler hiç bolmanda, öz maşgalasynyň arasynda mesihilik gatnaşygyny saklap biler. Bu ýeke-täk goldaw bolup biler, ýöne başga gatnaşyklary hemişe gözlemegimiz hem gerekdir. Mesihilikden üzňelikde bolmany bes edilmegi üçin başga-da kimdir birini Isa Mesihe getirmegiň wajyp bolýan wagtlary hem bolýar. Mesihiler Reb bilen gatnaşyklary saklamaklygy ýüreklerine berk düwen wagty munuň ýaly ýagdaýyň köp gezek bolandygyny biz eýýäm gördük.
Duşmanyň indiki gowy görýän usullarynyň biri-de, gatnaşyk saklaýan mesihileriň arasyna dawaly we bölünişik getirýän ýagdaýlary salmakdyr. Şunuň ýaly dawalaryň sežde etmäniň görnüşleri babatda dürli garaýyşlaryň bolmagy, mesihileriň ýygnakda ýolbaşçylyk etme hukuklary, şahsy oňşuksyzlyk zerarly ýüze çykmagy mümkin. Ýygnak öz agzalarynyň bir ruhda, parahatlykda bir bolup ýaşaýandygyna üns bermelidir (Efesliler 4:3 seret). Munuň üçin beýleki adamlaryň bähbitlerini öz bähbitleriňden ýokary goýmalydyr (Markus 9:35 seret). Biziň şeýtana garşy göreşmekdäki güýjümiz hut şunda hem jemlenendir.
Biziň günlerimizde beýleki dini toparlar bilen göni we gazaply dawalary etmeklik has giň ýaýran hadysa bolup durýar. Indoneziýada musulman ekstremistleri tarapyndan öjükdirilen gazaply toparlar mesihileriň üstüne köp hüjüm edýärler. Hindistanda urşagan induistler zorluk etmeleri ulanýarlar. Olar, hatda, ganhorluk etmäge-de çekinip durmaýarlar. Şri-Lankada, adatça urşagan bolmadyk buddistleriň arasynda Hoş Habar ýygnaklaryny weýran edýän ekstremistler bar.
Göni we zalym zorluk işleri mesihileriň özlerine gönükdirilende, olar özleriniň Mukaddes Ruh bilen gatnaşyklaryna doly baglylykda galýarlar. Zorluk edilmesi netijesinde mesihileriň ezýet berlip öldürilendigi baradaky şaýatlygyň bolşy ýaly, Mukaddes Ruhuň kömegi bilen halas bolanlaryň bardygy barada-da şaýatlyklar bardyr. Ýöne bu ýerde ortalyk zat ýok. Nähili bolanda-da, Mesih şöhratlandy, Hudaýyň Patyşalygyna tarap edilýän hereket saklanylmaýar.
2. Millilik
Şeýtan döwlet häkimlerini mesihileri öňki milli dini görnüşlere, ýagny öz ata-babalarynyň butparaz hudaýlaryna gaýtaryp getirmäge mejbur etmäge öjükdirýär. Bu zatlar watançylygyň hatyrasy ýa-da millilige «dogry düşünme» ýüztutaryk edilip ulanylýar.
Induizm ýa-da sintoizm ýaly sebit we milli dinlere berlen adamlar diniň belli bir sebite ýa-da halka ysnyşan bolmalydygyny aýdýarlar. Käbir hindiler we nepallylar Hindistany, ýagny Hind derýasynyň kenarlaryny öz watany hasaplaýarlar. Ine, şu ýerden hem induizmden başga dinleri öz halky üçin bigäne hem-de imperialistik häsiýetli hasaplaýalar. Döwlet derejesindäki bolmadyk dini wagyz edýänlere döwlet kömekleri berilmeýär.
Mongoliýanyň döwlet howpsuzlyk komiteti mesihiligi birbada «daşary ýurt dini» hasaplady. Häzirki zaman mongol kanunlary hem mesihiligiň «mongol däplerine garşy» çykyş edýändigini aýdýar. Meksikanyň günortasyndaky Çýapa ştatyndan bolan bir şäher häkimi mesihilere azar berilýändigini «öz medeniýetine we däp-dessurlaryna çapraz gelýändigini» aýtmak bilen ýuwmarlady. Ýerli butparaz ybadathananyň işine gatnaşmakdan ýüz öwrendigi sebäpli, on müňlerçe mesihiler öz öýlerinden kowuldy.
Swazilenda sebitleriniň birinden bolan bir ýolbaşçy her ýylda geçirilýän meşhur bir dabara gatnaşmakdan ýüz öwrendikleri üçin bir sygryň bahasy mukdaryndaky puly jerime hökmünde tölemekligi mesihilere aýdýar. Ol däp boýunça dekabr aýynda bellenilýän ilkinji miweleriň baýramynda edilýän dessury tansa gatnaşmakdan bilgeşleýin boýun gaçyrýan adamlaryň sanawyny düzendigini aýdýar. Jerime salnanlaryň arasynda wagyz eden wagty swazi medeniýetine garşy çykyş etmekde aýyplanylan ruhy çopan hem bardy. Mesihi ene-atalar bu dessury tansa gatnaşmaga öz gyzlaryna rugsat bermeýändiklerini, sebäbi bu tansda gyzlaryň butlarynyň we otyrýerleriniň insizje mata bilen çalaja örtülýändigini, göwüsleriniň bolsa, asla ýapylmaýandygyny aýdýarlar. Mesihi ýygnagyndan bolan ýigitler hem ilkinji miweler baýramçylygyna gatnaşmakdan ýüz öwürýärler, sebäbi olar ol ýerde gara öküzi ýalaňaç eli bilen öldürmegi özünde jemleýän dessury berjaý etmelidiler. Ýygnak ýolbaşçylary munuň ýaly işleriň mesihiligiň ahlak düşünjelerine garşy gelýändigini aýdýarlar. Ruhy çopanlar häkimiň salan jerimesini suda berip arz etjekdiklerini aýdýarlar.
Dini halk bilen, halky hem din bilen deňeşdirmeklik şeýtanyň söýgüli täridir. Mesihiler ellerinde baryny edip, bu duzakdan gaça durmalydyrlar, bolmasa, Mesihiň Bedeniniň ösüş düzgünlerini gödek bozarlar. Mesihiň Bedeninde «ýehudy-da, butparazam ýokdur» (Galatýalylar 3:28).
3. Dünýewi ynsanperwerlik
Şeýtan dünýewi ynsanperwerligiň ösmegine we giňelmegine ýolbaşçylyk edýär. Onda adam akyldarlygy Hudaýyň ylhamlaryndan ýokary tutulýar. Dünýädäki syýasat, ylym we halkara täjirçilik ulgamyndaky köp ýolbaşçylar bu ýalany kabul etdiler, şonuň üçin hem mesihileriň üstlerinden gülýärler. Mukaddes Kitabyň hem-de mesihilik ynamynyň abraýyny düşürmek üçin şeýtan günbatarda bar bolan serişdeleriň hemmesini-de ulanmagyny dowam etdirýär. Akademiki we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ol aýratyn hem güýçli işleýär.
Dünýewi ynsanperwerligiň güýçleri mesihi imanynyň ähmiýetini gysyp aýyrma we peseltme niýetinden doludyr. Olar prezidentlige dalaşgäriň öz imanyny köpçülikleýin yglan etmegine däl-de, ýalan sözlemegine ýol bererler. Öz imanyň barada özüň üçin uly töwekgelçilik edip, gürrüň edip bolýandygyny duşman duýdurýar. Mesihiligi ýok etmeklige çalyşýan gara güýçler diňe bir zat etmegi, ýagny Mesihiň söýgüsiniň öz adyny aýtmaga het edip bilmez ýaly etmegi isleýär.
Bu günki gün biziň jemgyýetimiz, ylaýta-da, HBS (habar beriş serişdeleri) ahlak kökleriniň berkligi üçin Ýygnaga güýçli hüjüm edýärler. Hudaý dünýäden çetleşmekde aýyplanylýar. Ol dünýäniň poliseýi diýlip atlandyrylýar. Jemgyýet hem Hudaýa asla üns bermezlige çalyşýar.
Jon Aleksandr özüniň bu dünýäniň edýän basyşlary barada ýazan kitabynda (The Secular Squeeze), Ýygnakdan daşlaşdyrylmanyň adamlary durmuşyň boşdugyna, hiç zadyň alnyndan däldigine ynandyrýandygyny aýdýar. Kimdir biriniň aýdyşy ýaly, «eger hatyrasyna öler ýaly zat bolmasa, onda hatyrasyna ýaşar ýaly zat bolarmy?» Nirededir bir ýerde ýoluň ýarysyna baranymyzda, biz gahrymançylykly işleri etmäge bolan taýýarlygymyzy ajaýyp durmuşa we «häzirki zaman amatlyklaryna» çalyşdyk. Kondisioneri bolan adamlar howany ölümiň hemrasy bolan çüýreme ysyndan arassalap bilýändir öýdýäris.
Hudaý adalatly hem-de dogrudyr. Rebden gorkmaklyk — ähli akyldarlygyň başydyr. Hemme zady dolandyrýan, gudratygüýçli we hemme ýerde bar bolan Hudaý ak patanyň özüdir. Hudaýyň Özi ak patadyr, sebäbi Ol durmuşymyza girip, bize özümizi weýran etme niýetimizden saplanma ukybyny bermäge ýeterli güýji bolan Rebdir.
4. Dini ylalaşyksyzlyk
Şeýtan özüniň Isa mesihiň Ýygnagyna garşy alyp barýan göreşinde iň gorkunç serişdeleriň birini, ýagny biri-birleri bilen ylalaşyga gelip bilmeýän dini toparlary ulanýar. Hoş Habary ýaýratma işinde irki Ýygnaga ilkinji nobatda dini toparlaryň garşy çykandygyny biz Resullaryň işleri kitabynda gaýta-gaýta görýäris. Ýöne biz hiç haçan hem şol toparlara duşmanymyza garan ýaly garamaly däldiris. Biz özümiziň hakyky duşmanymyzyň kimdigini bilýäris. Dünýäniň käbir ýerlerinde buddistleriň, induistleriň we musulmanlaryň aralaryndaky käbir ekstremistler halky mesihiler üçin zorluk we yzarlamanyň her dürli görnüşlerini ulanmaklyga öjükdirýärler. Biziň olara bolan garaýşymyz üýtgewsizligine galmalydyr, sebäbi biz hemme adamlary gowy görýäris.
Şeýtan özüniň gowy görýän tärini dünýädäki ähli dinlerde ulanýar. Şol dinleriň her biri hem öz içinde hakykatyň ujypsyzja bölejigini saklaýar. Bu tär ýalana we aldawa wepalylyga esaslanýandyr.
Mesihilige ynanmaýan dinler özüne wepaly bolanlaryň mesihiligi kabul etmegini gadagan edýärler. Nepalda Mesihe iman edendikleri we Hoş Habary wagyz edýändikleri üçin adamlary türmä salýarlar. Yslamda bolsa, bu «dinden çykmaklyk» ölüm jezasy bilen jezalandyrylýar. Şonuň üçin mesihiň yzyna eýermegi ýüregine düwen musulmanlar öz azatlygyna we mesihi bolandygy ýüze çykan ýagdaýynda bolsa, janlaryna töwekgelçilik edýärler.
Berk syýasy režimli ýurtlarda, mysal üçin, Saud Arabystanda islendik görnüşli sežde etmäni diňe resmi taýdan bellenilen ýerlerde geçirmeklige rugsat berilýär. Şonuň üçin hem, öýlerinde sežde edýän adamlar yzarlanylýar hem-de jezalandyrylýar.
Eýran ýaly käbir ýurtlarda ýygnanyşyklar diňe ene dillerinde geçirilmelidir. Ruhy çopanlary, ýaşululary we ýygnak agzalaryny hemişe sorag edýärler. Tährandaky ýygnaklaryň birinde adamlary sorag etmek üçin her gün çagyrýandyklaryny gürrüň berdiler.
Mesihilere duşmançylykly garalýan ýurtlarda mesihilere gowy işleri tapmak kyn bolýar. Eger olar göwünlerine ýaraýan işde işläp ýören bolsalar, olaryň mesihidigi aýan bolan badyna olary ýa-ha işden boşadýarlar, ýa-da wezipesini peseldýärler. Käbir ýurtlarda mesihi Isa Mesihe bolan imanyny gizlän wagtynda özüniň gowy işini we özüne adamlaryň gowy garaýşyny saklap bilýär.
Adamlaryň imanyna gözegçilik etmäniň dürli görnüşleriniň peýdasyz bolýan gezekleri-de az bolmaýar. Şonda mesihi ýolbaşçylarynyň üstünligini görüp gazaba atlanan ekstremistler şol ýolbaşçylaryň soňuna çykma kararyna gelýärler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda mesihi gynanylýar, möhletinden oň jennete barýar. Onuň dul galan aýaly bilen çagalary bolsa, ýerde gaýgy-hasrat içinde galýar.
Mesihilige degişli bolmadyk wagyzçylar iş ýüzünde däl-de, sözdäki imanlylary öz duzagyna düşürmek üçin mümkin bolan serişdeleriň hemmesini ulanýar. Gynansakda, bu zatlar köp gabat gelýär. Mysal üçin, Müsürde köp duş gelýär. Nika, pul, iş, jemgyýetdäki dereje we başga-da köp zatlar duzak bolup gulluk edip biler.
Hardini Indoneziýadaky musulmançylyga wepaly bolan maşgalada doguldy. Maşgalada her gün metjide gidip, namaz okamaklyk adata öwrülipdi. Kakasy maşgalada berk düzgünleri dikeldipdi. Maşgaladakylaryň hemmesi şol düzgünlere eýermelidi. Şunuň ýaly düzgünlere mesihiler bilen gatnaşmagyň gadagandygy hem girýärdi.
Hardini özüniň yslama wepalylygyna garamazdan, ýüreginde agyrlyk duýýardy. Ol içki rahatlygy tapmagy isleýärdi. Günleriň birinde bu gyz bir mesihi bilen tanyşýar-da dostlaşýar. Bu mesihiden ullakan şatlyk duýgusy we rahatlyk çogup çykýardy.
Hardini batyrgaýlyk edip, ruhy teşneligi baradaky pikirini öz dosty bilen paýlaşýar. Dosty oňa Isanyň ady bilen dileg etmekligi teklip edýär. Edil şol pursatdan başlap onuň bütin durmuşy çürt-kesik özgerýär duruberýär. Onuň ýüregini içki rahatlyk gurşap alýar.
Maşgalasy Hardininiň mesihi bolandygyny eşidende, uzak wagtlap ony täze imanyndan el çekmeklige yrjak bolýar. Gyz öz pikirinden el çekmeýär. Ahyrsoňunda, ene-atasy agyryly karara gelmegi ýüreklerine düwýärler. Olar gyza öýünden gitmegi buýurýarlar. Olar gyzy inkär edýärler.
5. Aňyýet (kommunizm)
Kommunistik häkimiýetiniň şu güne çenli-de döwlet başynda oturan ýurtlarynda mesihilere nähili garaýandyklaryny derňemek gyzyklydyr. Kommunistleriň ýurdy dolandyrma mümkinçiligi XX asyryň bütin dowamynda olaryň taglymatlarynyň köpler tarapyndan hakyky hökmünde kabul edilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Düzgün bolşy ýaşy, kommunistler dört täri ulanýarlar:
Lenin mesihiler bilen söweşjek bolmady. Ol mesihilik ynamy kommunistik jemgyýetde öz-özünden «ölüp gider» diýip çaklady. Ýöne munuň ýaly zadyň bolmandygyny görende, ol mesihilik imanyny ýok etmek isledi.
Käbir mesihiler režime garşy çykyp başladylar. Netijede, türmä salyndylar ýa-da öldürildiler. Beýlekileri bolsa, Mesihi inkär edip, häkimiýete boýun boldy. Üçünji birleri bolsa, ýurtdan gaçyp gitdiler ýa-da gaçjak bolup synanyşanda gurban boldular. Şonda-da, mesihileriň köpüsiniň duşmançylykly ýagdaýlarda ýaşamaklygy öwrenendigi haýran galdyryjy zatdyr.
Kommunistleriň usullary bilen tanyş bolan mesihiler kynçylykdan baş alyp çykmaga taýýarlanylan bolup çykdylar. Adatça kommunistik režim bilen bilelikde parahatlykda ýaşabermelidigini aýdyp mesihileri aldaýardylar. Soňundan hem mekdeplerini, keselhanalaryny, ýetimler öýlerini we sosial programmalaryny ýygnagyň elinden alýardylar.
Daşary ýurtlaryň hemmesi bilen gatnaşyklar berk çäklendirildi. Olardan islendik görnüşli kömekleri almaklyk hem şunuň içine girýärdi. Daşary ýurtlardan gelýän kömeklere bagly bolan dini guramalar işini bes etdiler. Diňe Mesihiň Bedeni hökmünde nähili hereket etmelidigini bilýän mesihiler ruhy taýdan güllemegini dowam etdirdiler.
Wagt geçdigiçe yzarlamalar has aç-açan we gazaply bolup başlady. Käbir mesihiler ykdysady basyşlaryň gazaply usullaryna duçar edildi. Olary işden kowýardylar ýa-da wezipesini peseldýärdiler. Meshileriň arasyndaky gatnaşyklar gadagan edildi. Ýurda meşhur wagyzçylaryň gelmegi hem gadagan edildi. Ýygnak ýolbaşçylaryna aýratyn hem gazaply daradylar welin, ejiz mesihiler kömeksiz galdy.
Yzarlanmalar mesihiler üçin adaty iş bolup galdy. Mukaddes Kitap gyt kitaba öwrüldi galyberdi. Neşirýatlaryň hemmesi-de döwletiň berk gözegçiligi astynda boldy. Mukaddes Kitaby ýa-da mesihi edebiýatyny çap etmeklik asla mümkin bolmady. Soň döwlet öz göwnüne ýaramaýan kitaplary öz haýryna geçirmek bilen meşgullanyp başlady. Hüjümleriň baş maksady ýene-de Mukaddes Kitap boldy. Tiz wagtdan Mukaddes Ýazgynyň nusgalary asla galmady diýen ýaly boldy. Şondan soň Ýygnaga güýçli zarba uruldy.
Şol wagtlar ýygnak binalary niýetlenilen maksatlary üçin ulanylmaýardy. Döwlet olary «halkyň eline berdi». Käbir ýurtlarda diňe propoganda maksatlary üçin birnäçe ýygnaklary galdyrdylar. Mysal üçin, Laosda ýygnak binasyny döwlet haýryna geçirilen wagty wezipeli adamlar ýygnanyşyk ýazgylaryny alyp, ýygnak agzalarynyň sanawlaryny «reaksionerleri» ýüze çykarmakda ulandylar. Käbir mesihileri yzarlamaklyk güýçlendirildi. Çagalara mesihilige garşy bolan taglymatlar öwredildi. Mesihilere iň ýönekeý işler berilýärdi. Olaryň azyk kartoçkasy boýunça berilýän normalary azaldyldy.
Şunuň ýaly şertlerde siz mesihiligiňize galarmydyňyz? Geň galaýmaly, Russiýada, Rumyniýada, Wengriýada, Hytaýda, Wýetnamda, Efiopiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda millionlarça mesihiler yzarlanylýandyklaryna garamazdan, öz Rebbine wepaly galdylar.
Totalitar režim islendik adamy repressiýa we gazaply zorlugyň hüjümleri bilen gorkuzyp bolma ynamyna daýanýar. Diktatorlar has kuwwatlyrak güýjüň (Hudaýyň) Rebbiň perzentlerine niýetlän öz haýbatlaryny ýerine ýetirmäge ýol bermän hem bilýändigi barada pikir hem etmeýärler.
Biz Köne Ähtde Hudaýyň halkyna: «...bil baglaýan Hudaýyň, goý seni aldamasyn. Aşur patyşasynyň bütin ýurtlary ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirenini eşidensiň. Indi siz gutulyp galmakçy bolýarmysyňyz? Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini …öz hudaýlary …halas etdimi?» diýen aşur patyşasyna duş gelýäris. Ýöne ýewreýler öz Hudaýynyň adyny tutup çagyrdylar welin, Ol duşmanyň kuwwatly goşunyny ýok edýärdi (Işaýa 37:10–12 seret).
Elbetde, biz hakykata bolşy ýaly seredip, Hudaýyň käwagt Öz perzentleriniň durmuşynda erbet adamlaryň edýän erbet zatlarynyň bolmagyna ýol berýändigine düşünmelidiris. Patyşa gol astyndakylardan özüniň altyndan ýasalan şekiline sežde etmekligi talap edip, buýruga boýun bolunmadyk ýagdaýynda ölüm jezasynyň beriljekdigini aýdanda, Danyýel bilen onuň üç dosty özlerini dogry alyp bardylar. Olar: «Gulluk edýän Hudaýymyzyň bizi ot ýakyp gyzdyrylan peçden, patyşa, seniň eliňden halas etmäge güýji ýetýär. Eger şunuň ýaly bolmasa-da, patyşa, sen bir zady bilip goý, biz seniň hudaýlaryňa we goýan altyn heýkeliňe sežde etmeris» (Danyýel 3:17–18) diýdiler. Edil şunuň ýaly zada biz resul Ýahýanyň Ylhamynda hem duş gelýäris (12:11). Onda erbetligi diňe ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekenleriň ýeňip biljekdigi aýdylýar.
Hytaýda hanym Çeniň ogly ýetginjek Piteri gyzyl goşunyňkylar ölüm halyna çenli ýençýärler, munuň sebäbi ol wagyz edýän Mesihini inkär etmändir.
Dünýä jemgyýetçiliginiň topalaňyny turuzmajak bolup, häkimiýetler köplenç gizlinlikde haýbat atýarlar. Mysal üçin, Mukaddes Kitaby gadagan edilen kitap hökmünde yglan etmeýärler-de, ony «reaksion» diýip atlandyrýarlar.
Täzeden öwretmeklik Hytaýda, Wýetnamda, Laosda, Demirgazyk Koreýada giňden ýaýrap, «nädogry aňyýeti» bolan adamlaryň pikirlerini üýtgetmäge gönükdirilendir. Adatça munuň ýaly täzeden öwretmeklik özüňe baha bermeklikden we özüňi tankytlamakdan başlanýar. Meşhur mesihi ýolbaşçylary ýokary derejeli okuw kurslary bilen lagerlere gidýärler. Adamlaryň köp bölegi ýerli «özüňi tankyt etme toparlaryna» gatnamaga mejbur bolýarlar. Olar ol ýerde birgiden wagtlaryny özleri we özleriniň hereketleri baradaky ters pikirlere sarp edýärler. Harby psihologlar ruhy taýdan güýçli pikirleri bolan adam şunuň ýaly sapaklara garşy durup bilýän immunitetli bolýandygyny görüpdirler. Hytaýdaky şunuň ýaly täzeden öwretmeler hiç hili netije bermedi. Ahyrsoňunda häkimiýetler bu işi taşlamaly boldular.
Laosda häkimiýet başyna kommunistler gelenden soň, baş ruhy çopan Salini «täzeden okatmak» üçin üç ýyl möhlet bilen düzediş lagerine iberýärler. Azatlyga çykandan soň, ol bu geçen döwrüni «tejribäniň we praktikanyň uniwersiteti» diýip atlandyrdy. Ol lagerde bolan üç ýylynyň dowamynda bäş adamy Mesihe getirýär. Onuň elinde Mukaddes Kitap ýokdy, şonuň üçin hem ol täze iman edenleri ýadynda saklan aýatlary bilen terbiýeledi. Wagtyň geçmegi bilen şol adamlar ýygnak ýolbaşçylary boldular.
Öňki Sowet Soýuzynda döwlet ýolbaşçylary giňden tanalýan ruhy çopan Georgiý Winsi salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda aýyplaýarlar. Häkimiýetler şunuň ýaly aýyplamalara köp ýüz urýarlar, sebäbi köp adamlar ýolbaşçylaryň özlerine ynanylan pullary dogrusynda nädogry hereket edýändiklerine aňsatlyk bilen ynanýarlar.
Häkimiýetler, şeýle hem, ruhy çopanlary «parazitler» diýip atlandyrmagy gowy görýärler, sebäbi olar hiç zat «öndürmeýärler». Häkimiýetler ruhy goşant barada hiç zat aýtmaýarlar. Şonuň üçin bu hem mesihilere hüjüm edilmäniň ýene-de bir aňsat ýoludyr.
Wýetnamdaky ruhy seminariýanyň talyplary döwletiň öndürijilikli zähmete gatnaşma talabyna jogap bermäge synanyşyp, işden boş wagtlary okamaga razylyk beren batlaryna döwlet olaryň iş normalaryny galdyrdy. Netijede, okuwa asla wagt galmady.
Duşmanyň çozuşlaryna döz gelip biler ýaly, mesihi hemişe işjeňligiň iň ýokary derejesinde we dogruçyl bolmalydyr.
6. Azar bermäniň häzirki zaman usullary
Bu gün bütin dünýädäki mesihiler duşman tarapyndan täze, köplenç ýagdaýlarda çala göze ilýän usullar bilen gözegçilik edilýändigini özlerinde duýýarlar.
Şunuň ýaly usullaryň biri-de, ykdysady taýdan edilýän basyşdyr. Mysal üçin, Peru ýaly ýurtlarda Mukaddes Kitaby ýa-da mesihi edebiýatlary başga ýurda import edilende, beýleki hemme kitaplara, hatda, başga dinlere bagyşlanan kitaplara hem garanda, köp salgyt alynýar. Bu Isa mesihiň Ýygnagyna edilýän ýene-de bir tärdäki urgudyr.
Käbir döwletler ýygnaklaryň beýleki ýurtlarda kömek alma işini kynlaşdyrmak üçin elinden gelenini edýärler. Mysal üçin, Bangladeşde döwlete degişli bolmadyk guramalara maliýe kömeklerini almaklyk gadagan edilýär. Şunuň ýaly usul bilen döwlet ýurtdaky mesihiligiň ösüşini saklamaga synanyşýar. Munuň üstesine-de, material kömegini berip biläýjek daşary ýurtly wagyzçylar üçin hem wizany uzaltmakda we ony täzelemekde gitdigiçe täze-täze çäklendirmeler girizilýär. Şu sebäbe görä-de, olaryň ýurda saparlarynyň sany gitdigiçe azalýar.
Indoneziýada hereket edýän kanuna laýyklykda öz ynamyny wagyz etmäge rugsat berilýär. Ýöne mesihilerden san taýdanam, täsirini ýetiriji derejäni eýelemekde-de mesihilerden agdyklyk edýän musulmanlara goýulýan artykmaç hormatly garaýyşlar mesihiligiň ýaýramagyna päsgel berýär. Döwlet mesihileriň gününi kynlaşdyrýan täze kanunlary çykarýar. Kanun boýunça hökümetden rugsat almazdan täze ýygnanyşyk binasyny gurmaklyga rugsat berilmeýär. Ýöne rugsat almagam örän kyn bolýar. Netijede köp binalar rugsatsyz gurulýar. Soň şunuň ýaly «resmi bolmadyk» ýygnak binalary ýerli häkimiýet we sebitde mesihileri we olaryň ýetirýän täsirlerini ýok etmegi maksat edinen musulman ekstremistleri üçin ýeňil olja bolýar.
Hytaýda öňküleri ýaly Mykaddes Kitabyň nusgalary az. Emma döwlet mesihilik «kultuny» ýazgarýan edebiýaty örän köp mukdarda öndürýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki «kultlar» baradaky kitaplar hem uly möçberde şol döwlet dükanlarynda satylýar.
Doktor Jim Kanningem mesihiligi ýok etme maksady bolan yzarlama ýagdaýyny dört tapgyra bölüp bolýar diýip çaklaýar.
Birinji tapgyr — ruhy görnüşlerden we umytdan mahrum etmek maksady bilen sizi manipulirlemek we aldamak üçin edýän pikirleriňize berilýän jogap edip atylýan haýbatlar.
Ikinji tapgyr — şaýatlyk etmegi we ynanmagy bes etmäge mejbur etmek maksady bilen sizi dymmaga we lapykeçlige düşmäge mejbur etjek bolup, aýdýan zatlaryňyza berilýän jogap hökmünde sygdyrmazlyk etmekdir.
Üçünji tapgyr — eliňizden duýgudaşlygy we söýgini almak maksady bilen, sizi gol astynda saklamak we ýeňlişe sezewar etmek üçin edýän zatlaryňyza jogap edip berilýän netijedir.
Dördünji tapgyr — ilkinji nobatda şahsyýet hökmünde ýok etmek üçin siziň barlygyňyza jogap edilip berlen ölümdir.
Adamlar tapgyrlaryň hemmesinde-de yzarlanmalara sezewar edilip bilner. Ýöne duşmanyň ahyrky maksady şollugyna — ölümligine galýar. Halkara Hoş Habar birleşmesiniň dini azatlyk boýunça Toparynyň başlygy Ýohan Kandelin ýurtda mesihileri yzarlamanyň kem-kemden ýaýbaňlanyşyny düşündirýän üç derejeli ýagdaý barada gürrüň berýär.
1. Birinji tapgyr öz içine saýlanylan topar (mesihiler ýa-da islendik başga bir topar) baradaky (ilki işjeň bolmadyk, soň hem işjeň bolan) ýalan maglumatlary öz içine alýar. Ýalan maglumatlaryň netijesi…
2. …hukuklaryň kemsidilmegine (ilki işjeň bolmadyk, soň hem işjeň bolan kemsitmelere) alyp barýar.
3. Üçünji tapgyr (ilki işjeň bolmadyk, soň hem işjeň bolan) yzarlanmadyr. Yzarlanma öňki taýýarlanyş ýagdaýynyň iş ýüzündäki netijesidir.
Eger haýsydyr bir topar, şol sanda mesihiler baradaky ýalan maglumatlar hem uzak wagtyň dowamynda ýaýrasa, onda bu toparda hukuklary kemsitme başlananda, yzarlanylýanlary hiç kim goldamaz, sebäbi ýurduň ilaty aňyýeti işläp bejerme ýagdaýyndan geçýär. Eger hukugy kemsitmäni saklamasa, onda düzgün bolşy ýaly, yzarlanma başlananda eýýäm hiç kim muňa goşulmaýar.
«Iş yzarlanma baryp ýetende, hiç kim yzarlanylýan adamyň tarapyny almaz, sebäbi adamlar öz işjeňsizligini ähli tärler bilen aklap başlarlar-da, mysal üçin: “Bilýärsiňizmi näme, olar dogrudanam, erbet adamlardyr. Olardan bu zatlara garaşsa bolardy” diýerler. Biz ilkinji basgançagyň — hukuklary kemsitmeleriň — gelenini gören badymyza derrew hereket edip başlamagymyz gerekdir. Eger biziň hemmämiz hukuklary kemsitme tapgyrynda hüjümlere garşy çykmakda birleşsek, onda islendik ýurtda-da hökman soňky derejesine baryp ýetip biläýjek ýagdaýy saklap bileris» diýip, Kandelin duýdurýar.
Rollarda türgenleşmek:
Döwlet bir ýylyň dowamynda bir karar işläp düzýär. Şol karara laýyklykda işlemäge rugsat berilmedik ýygnaklaryň hemmesi-de ýapylýar. Iň esasy zadam, mesihiler zallary kärendesine alma we jemgyýetçilik ýerlerinde duşuşma hukugyndan mahrum bolýarlar.
Siz hem şonuň ýaly rugsatnamasy bolmadyk ýygnagyň ýolbaşçysy. Öz ýygnagyňyzyň aman galmagy üçin siz nähili işleri edersiňiz?
Rollarda türgenleşmäni geçiriň. Soň hem şeýtanyň ýygnagyň garşysyna gönükdiren tärleriniň alty görnüşini-de ara alyp maslahatlaşyň. Her bir takyk ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Siziň ýagdaýyňyza meňzeş başga nähili ýagdaýlar bar? Ruhy goldawy almak üçin size aýratyn hem näme üçin dileg etmek gerek?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz nähili pikir edýärsiňiz, kommunistik döwletlerde ýygnak haýsy sebäbe görä şeýle güýçli ösdi, köp ýagdaýlarda-da köp sanly boldy?
2. Näme üçin resmi taýdan işleýän ýygnaklarda «infiltrasiýa» ýagdaýyny ýa- da bigäne elementleriň çozup girmesini bes etmek kyn bolýar? Näme üçin ýygnagyň çyn gatnaşyklary bu meseläniň hötdesinden netijeli gelip bilýär? Duşmançylykly şertlerde beýleki mesihilere nädip ynanyp we olaryň arasynda birligi saklap bolar?
3. Irki Ýygnak yzarlanma we bölünişme meselesiniň hötdesinden nädip geldi?
10-njy bap
ŞEÝTANYŇ JANY BERBAT EDÝÄN HEREKETLERI
Ýakup 4:7
Mälim bolmadyk bir ýazar bize şunuň ýaly göz öňüne getirmeli spektakly teklip edýär.
Şeýtan halkara konferensiýasyny çagyrýar. Ol özüniň garaňkylygyň perişdelerine ýüzlenýän salam beriş çykyşynda şeýle diýýär:
— Biz adamlara Mukaddes Kitaby okamagy we hakykaty bilmegi gadagan edip bilmeýäris. Biz hatda olary maşgalasyna bolan söýgüsini inkär etmäge-de mejbur edip bilmeýäris. Ýöne biz başga käbir zatlary edip bileris. Biz olaryň Mesihdäki ýakyn we hemişelik gatnaşyklarynyň ösmegine ýol bermän bileris. Eger adamlara Isa bilen berk gatnaşygy gurmak başartsa, onda biziň olara ygtyýarymyz ýetmeýär. Şonuň üçin, goý, olar ýygnanyşyklara gatnabersinler, özüne erk edip bilýän durmuşda ýaşabersinler, ýöne Isa Mesihdäki gatnaşygyň gymmatly tejribesini alyp bilmezleri ýaly, olaryň wagtyny ogurlaň. Garaňkylygyň perişdeleri, ine, men size näme etmegi buýruk berýärin. Adamlar hemişe öz Halasgärlerine tarap dyzap durmazlary ýaly we bütin günüň dowamynda wajyp bolan zady, ýagny Onuň bilen gatnaşygy saklap bilmezleri ýaly, olaryň ünsüni bölüň.
— Nädip beýle edip bolar? — diýip, kowulan perişdeler soraýarlar.
— Olary wajyp bolmadyk işler bilen baglaň-da, olaryň aňyny boş goýmaz ýaly, tükeniksiz mukdardaky meýilnamalary we meseleleri dörediň. Olary pullaryny sowmaga, sowmaga we sowmaga, munuň üçin hem pul karz almaga, karz almaga we karz almaga mejbur ediň. Göwün islän zatlaryny satyn almaga güýji ýeter ýaly, aýallary işe gitmegiň gerekdigine ynandyryň, ärleri bolsa, günde on-on iki sagatlap hepdede alty ýa-da ýedi gün işlemegiň gerekdigine ynandyryň. Olaryň öz çagalary bilen wagtlaryny geçirmegine ýol bermäň. Maşgala bir bütewilik bolmagyny bes eden badyna ene-atanyň işine bagly bolup galýar.
Isanyň ýuwaşja sesini eşidip bilmezleri ýaly, olaryň aklyny eýeläň. Olar hemişe bir zatlar eşidip oturarlary ýaly, radiolary, telewizorlary, pleýerleri işlediň.
Hemme dükanlarda, kafelerde we restoranlarda hemişe saz ýaňlanyp durar ýaly ediň. Saz olaryň aklyny ümüzlendirip, Mesih bilen gatnaşyklaryny üzýär.
Olaryň žurnal stollarynyň üstüni gazetlerdir žurnallardan dolduryň. Bütin gije-gündiziň dowamynda olaryň kellelerini täzelikler bilen hyryn-dykyn edip duruň. Maşynda ýörän wagtlary, goý, olaryň ünsi reklama tagtalaryna çekilsin. Olaryň poçta ýaşiklerini reklama önümlerinden, öýe getirilip beriljek harytlaryň sanawlaryndan we reklamaly, mugt goşundyly, lotoreýaly, utuş wadalary bilen özüne çekýän we ýalan umytdan doly bolan başga-da köp hatlardan dolduryň.
Hatda dynç alýan wagtlary hem olary ýekeje minut-da gününe goýmaň. Goý, olar dynç günlerinden soň ýadaw, birahat bolsunlar we iş hepdesine taýýar bolmasynlar. Olara tebigatyň gujagynda dynç almagyna ýol bermäň. Olary göwün açyş seýilgählerine, attraksioanlara, sport ýaryşlaryna, konsertlere we kinoteatrlara iberiň. Olar ruhy gürrüňdeşligi etmek üçin ýygnanyşanlarynda, aralaryna gybat taşlaň. Olar ýygnanyşykdan aljyraňňy wyždan we gaharly duýgular bilen gider ýaly, olary boş sözlülige çekiň.
Goý, olar janlaryny halas etmek bilen meşgullansa megşullanybersinler. Olarda Mesihiň güýjüni gözlemäge wagtlary bolmaz ýaly, siz olaryň gününi birgiden gowy niýetlerden dolduryň. Şonuň ýaly bolanda öz güýçleri bilen gulluk edip, gowy işleriň hatyrasyna saglygyny we maşgala birligini pida edip başlarlar.
Konferensiýanyň ahyry gelýär. Garaňkylygyň perişdeleri hemme ýerdäki mesihileri işi bilen baglanyp oturmaklyga, howlukmaklyga we ýetişiksiz günde bolmaklyga, pullaryny sowurmaga mejbur etmek bilen özlerine tabşyrylan ýumşy ynamly berjaý etmäge başladylar.
Duşmanyň daşky tärini görmek gaty bir kynam däl, ýöne onuň ulanýan içki usullary göze ilmeýär. Köp ýagdaýlarda hem şol içki usullary öz maksadyna ýetmekde oňa peýdaly bolýar.
Käbir mugallymlar duşmanyň içki tärini göz öňünde tutup, «onuň öz köwşüni deşilýänçä süýreýändigini» aýdýarlar. Ol bizi gije-gündiz aýyplaýar. Bizi gatnaşyklardan we ýerli Mesihiň Bedeniniň goldawyndan aýra salmak özüne başardaýsa, onuň bizi öz düzgünleri boýunça oýnamaga mejbur etmegi mümkin. Ol öz maksatlaryna bizi eden günälerimizi we ejizliklerimizi görkezmek bilen ýetýär. Şeýle hem, ol bizde oýaryp bilýän egoistik islegleriniň üsti bilen hem oýnaýar.
1. Günä duýgusy
Bizde günä duýgusyny oýaryp, durmuşda ýeňlişe sezewar etmek üçin şeýtan bizi hemişe aýyplap ýörýär. Ýöne hakyky günä diňe Hudaýa boýun bolmazlygyň netijesinde bolup biler. Günä duýgusynyň Mukaddes Kitap nukdaý-nazarynda näme bolup durýandygyna dürli tarapdan garap göreliň.
Bir tarapdan özümizdäki günä duýgusynyň bolmagy dogry zatdyr. Biziň hemmämizem Rebbiň öňünde günäkärdiris. Biziň hiç haýsymyz hem ähli ýagdaýlaryň üstünden ýeňiş gazanandygyny aýdyp öwünip bilmez. Aslynda bu şeýle-de bolmalydy. Şonuň üçin şeýtan özümizi günäkärlände, onuň aýyplamalarynda hakykatyň köpdügini biz ýüregimizde bilýäris.
Ýöne Hudaý bize her bir günäden we onuň ýanyndaky günä duýgusyndan arassalanmaga mümkinçilik berdi. Hudaýy gynandyrandygymyza düşünen mahalymyz, biz toba edýäris. Her gezek hem Ol bizi bagyşlaýar we arassalaýar (1 Ýahýa 1:9 seret). Toba eden badymyza günä derrew ýitip gidýär, şonuň bilen bilelikde günä duýgusy hem ýitip gitmelidir.
Dawudyň durmuşynda bolan ýagdaýlar Hudaýyň günäni ýok edýän usullaryny suratlandyrýar. Şol usullar: paş etme, boýun alma, toba etme, bagyşlamaga çalyşma, bagyşlanma alma, öwgi we şatlykly gullukdyr (Zebur 31:3–4; 50; Şamuweliň 2-nji kitaby 12:1–13 seret). Köne Ähtden alnan bu aýatlary derňemeklik günäden azat bolmanyň ýoluny görkezýär.
Soňky günlerde özlerini mesihi diýip atlandyrýanlaryň nädogry durmuşda ýaşajakdygyny Pawlus Timoteosa duýdurýar. Ol adamlaryň öz günäleriniň ýüki astynda şeýle bir eziljekdiklerini, şol sebäpli-de, imanda berk durup bilmän, hakykat ýolundan aňsatlyk bilen gitjekdiklerini aýdýar (2 Timoteos 3:1–7 seret). Toba edilmedik günä örän çynlakaý kynçylyk bolup durýandyr. Eger mesihi aljyraňňylykda bolýan bolsa, eger Rebbiň öňündäki ýöreýişlerinde berk bolmasa, güýji-de ýok bolsa, onda ol öz ýüregini derňäp, Rebbiň öňünde boýun almadyk günäsiniň ýokdugyna göz ýetirmelidir. Eger mesihi öz ýüreginiň mamladygyna ynamly bolsa, onda ol özündäki günä duýgusynyň ýalandygyny we şeýtan tarapyndan berlip durandygyny bilmelidir.
Resul Ýahýanyň Ylhamyna laýyklykda (12:11), mesihiler şeýtanyň aýyplamalarynyň garşysyna üç ýol bilen garşy çykyp bilerler: «Doganlarymyz Guzynyň gany saýasynda, eden güwälikleriniň sözi saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler».
Biz Mesihiň ganyna bolan iman bilen arassalandyk. Onuň halas ediş merhemeti we bizi merhemet arkaly halas bolan günäkärler hökmünde kabul etmäge taýýardygynyň özi bagyşlamanyň açarydyr, şonuň üçin özümizi Onuň söýgüsine mynasyp däl ýaly duýmak gerek däl.
Mesihiler günäniň bagyşlanmasyny we Mesihiň söýgüsini Isanyň Özi-de, şeýtanam, bütin dünýäde eşider ýaly edip, gaty ses bilen yglan edýärler (Rimliler 8:31–33-de hem edil şular barada gürrüň berilýär).
Hut söýgüde we gurbanlykda şahsy abraýyň, howpsuzlygyň, janyň tarasy ýa- da azatlyk baradaky islendik birahatlygy ýeňip geçmäniň syry gizlenendir. Mesihiler Mesihiň Özüniň göreldesine eýerip, özlerini meýletinlik bilen gurban getirýärler.
Çaddaky rewolýusion goşunyň esgerleri ýaş mesihä animistik tiräniň dessuryna gatnaşmagy buýruk berýärler. Olar öz ýurdunda mesihiligi ýok etmäge jan edýärdiler. Şonuň üçin hem, watançylygy aýaga galdyran bolup, Çadyň gadymy butparaz däplerini dikeltmäge çalyşýarlar. Mesihileriň animistik dessurlara gatnaşmakdan boýun gaçyrmagynyň gerekdigi bilen ýerli ýygnaklaryň ýolbaşçylary öz aralarynda ylalaşdylar.
Ýaş ýigit dessura gatnaşmakdan boýun towlanda, ony ýençýärler, ýöne şonda-da ol öz diýeninde berk durýar. Esgerler ony ýalaňaçlap, ejesiniň, uýasynyň we beýleki gyzlaryň gözüniň öňünde ýene-de ýençýärler. Onuň batyrlygy gutaryp, içinden boýun bolýar. Şonda ol özüni gaty erbet duýýar-da, Rebbe dönüklik edenine düşünýär. Onuň günä duýgusy gaty uly bolýar. Rebbiň indi özüni hiç haçan hem kabul etmejekdigine ol ýigidi ynandyrjak bolup, şeýtan jan edýär. Ýöne ýigit Hudaýyň Mukaddes Kitapda beren wadalaryny bilýärdi, şonuň üçin hem öz günälerine toba edýär. Reb ony bagyşlaýar. Ol hem ýene-de ruhy rahatlygynyň şatlygyny alýar.
Ol goňşularynyň ýanynda öz imany hakda gürrüň berýär, şonuň üçin hem tussag edilýär. Häkimiýet onuň Mesihi inkär etmegini talap edýär. Eger inkär etmekden boýun towlasa, onda diriligine gömjekdiklerini aýdyp haýbat atýarlar. Bu gezek welin, onuň imany sarsmazdy. Şol sebäpli-de, ol Rebbi inkär etmedi. Ony ýenjip, türmä salýarlar. Ýigit ol ýerde ölüm jezasynyň berlerine garaşyp oturdy. Onuň imany has-da ösdi. Reb hem oňa gutulyş berdi. Repressiw döwlet agdarylýar-da, ýaş mesihini hem azatlyga çykarýarlar.
2. Ýalan günä duýgusy
Eger hakyky günä duýgusy Hudaýa gulak asmandygymyz üçin gelýän bolsa, onda ýalan günä duýgusy adamlaryň garaşýan zatlarynyň gabat gelmezligi esasynda peýda bolýar. Adatça bu zatlar Hudaýyň Sözüniň öwredýän zatlaryna däl-de, adamlaryň pikirlerine güýçli bil baglan ýagdaýlarymyzda peýda bolýar. Mesihiler hakyky günä duýgusyny tanamaga ýagdaýy ýeter ýaly, Hudaýyň Sözüni hemişe Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astynda öwrenmelidirler.
Şeýtan bizi eýýäm bagyşlanan günälerimiziň labyry astynda mynjyratmaga synanyşýar. Şeýdip, ol bizi ruhdan düşürýär. Biz bir wagtlar hakykatdanam, günä edipdik, biziň häzirki günä duýgularymyz ýalan duýgudyr. Mukaddes Ýazgynyň hakykatyna şeýtan çydam edip bilýän däldir, şonuň üçin hem şol hakykaty yglan eden badyňyza ol gaçyp gidýändir. Elbetde, ol gaýdyp geler, ýöne siz her gezek hem onuň üstünden ýeňiş gazanyp bilersiňiz.
Mesihileriň üstüne yzarlanma belasy inende, ýygnaklar ýapylyp, olaryň işjeň durmuşy bes edilende, ýolbaşçylaryň hukuklary kemsidilip, hüjümlere duçar edilende, adamlar: «Näme üçin şeýle bolýar?» diýen soragy berip başlaýarlar. Şeýtan öz jogabyny bermäge hemişe taýýar bolup durýar. Ol mesihileriň özlerini günäkär saýmaklaryny isleýär. Özleriniň ýeterli derejede dileg etmändiklerini, imanlarynyň örän ejiz bolandygyny, şonuň üçin hem Hudaýyň gazabyny oýarandyklaryny şeýtan mesihilere aýdýar. Şonda ýalan günäniň labyry agyr ýük bolup, mesihiniň egninde ýatýar-da, ony ruhy kuwwatdan mahrum edýär hem-de hiç zat etdirmeýär.
Şeýtan hemişe biziň ünsümizi geçmişimize we geljegimize gönükdirip, ünsümizi dartgynlaşdyrmaga çalyşýar. Hudaý bolsa biziň ünsümizi häzirki zamanda jemlemegimizi, öňki günälerimiziň bagyşlanandygyny yglan etmegimizi, geljegimizi hem Öz ellerine bermegimizi we şu wagtda Özi üçin ýaşamagymyzy isleýär. Ine, biziň mesihiler hökmünde özümize hemişe berip ýörmeli esasy soragymyz: «Rebbim, maňa näme etmegi buýurýarsyň?»
Yzarlanma gitdigiçe gazaplanyp, mesihilere köpçülikleýin ýygnaklary geçirmeklik gitdigiçe kynlaşan mahaly, şeýtan olary ýa-da radikalizmde, ýa-da gorkaklykda aýyplaýar. Eger olar dynç güni ertirine ýygnaga gidip bilmeseler, şeýtan olary Mesihi inkär etmekde aýyplaýar.
Dynç güni duşuşmak üçin haýsy-da bolsa bir ýere gelen iki ýa-da üç adamdan ybarat bolan ýygnanyşyk hakyky ýygnak hasaplanylyp bilinermi? Hiç kimde Mukaddes Kitap ýok bolan wagty kimdir biri Mukaddes Kitapdan bir aýady aýdýar, beýlekiler bolsa ony ara alyp maslahatlaşýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýy «Mukaddes Kitaby öwrenmek» diýip atlandyryp bolarmy? Eger iki ýa-da üç adam bir garaňky ýerde ümsümjek oturyp, içinden ýuwaşja gürläp dileg edýän bolsa, onda muny dileg edilýän ýygnanyşyk diýip atlandyryp bolarmy? Iş ýerimizde yhlasly zähmet çekmämizi we yzarlanma wagtynda özümize ynamlylygy arkaýyn görkezip bilmegimizi Mesihe şaýatlyk etme diýip atlandyryp bolarmy? Şunuň ýaly soraglary özlerine bermeklige mesihileri şeýtan mejbur edýär we şol bada-da göwnüçökgünli jogaby teklip edýär. Şonda biziň ýazygymyzyň labyry has-da agyrlaşýar.
Mesihiler Mukaddes Kitap tabşyryklaryna boýun bolmaga, şol bir wagtyň özünde-de repressiw režimli şertlerde kanuna gulak asyjy raýatlar bolmaga çalşanlarynda, şeýtan olary özleriniň mesihilik şaýatlyklarynda eglişik etmekde aýyplaýar. Eger mesihiler häkimiýet tarapyndan edilýän basyşlara garşy çykanda, şeýtan olary Mukaddes Ýazga boýun bolmakdan we häkimiýetlere boýun egmekden ýüz öwürmekde aýyplaýar. Eger mesihiler mesihilige garşy bolunýan şertlerde öz ýurduny çyn ýürekden söýse, şeýtan bu doganlary Mesihiň işine dönüklik etmekde aýyplama ýöňkeýär. Isa: «…kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» (Matta 22:21) diýip öwretdi. Pawlus Rimlilere hatynda (13:1–7) Hudaýdan bolmadyk häkimiýetiň ýokdugyny, ýöne ýerdäki häkimleriň hemme zada doly ygtyýarly däldigini aýdýar (1 Petrus 2:13–17; 1 Timoteos 2:1–4; Titus 3:1–2 seret). Mukaddes Kitap taglymatlaryna laýyklykda, biziň ýerdäki häkimleriň öňündäki jogapkärçiligimiz aşakdakylarda jemlenendir:
• sadyk bolmak;
• kanuna boýun bolmak;
• ýagşylyk etmek;
• häkimiýete hormat goýmak;
• kiçigöwünli we dostlugy söýüji bolmak;
• salgytlary tölemek;
• häkimiýete dil ýetirmezlik.
Häkimiýetiň käbir ugurlarynyň diňe Hudaýa degişli bolýandygyny biz Isanyň beren taglymatlaryndan bilýäris. Eger ýerdäki häkimiýetler diňe Hudaýyň ýolbaşçylyk edýän ýerine gödeklik bilen girip, şol ugry özlerine boýun etmäge çalyşsalar, onda mesihi adama däl-de, diňe Hudaýa boýun bolmalydyr (Resullaryň işleri 4:19; 5:19 seret). Mukaddes Kitapda bu pikir köp gezek tassyklanylýar:
• Sedrah, Misah we Awdenago patyşanyň buýrugyna boýun bolmakdan ýüz öwrüp, altyn heýkele sežde etmediler.
• Danyýel dileg etmegi gadagan eden patyşa boýun bolmakdan boýun towlady.
• Petrus bilen Ýahýa mejlisiň Isany wagyz etmegi bes etmeli diýen buýrugyna gulak asmakdan boýun towlady.
• Şäher diwaryndan sallanylan sebet bilen şäheriň daşyna çykyp, Şamdan gidende, şeýdibem, özüni yzarlaýjylardan halas bolanda, Pawlus şäher häkimleriniň görkezmelerini berjaý etmändi.
• Rimde kanun boýunça mesihilik gadagan edilen din hasaplanylýan bolsa-da, Pawlus özüni garawullaýanlara Mesih barada şaýatlyk etdi.
Munuň ýaly boýun bolmazlygyň diňe häkimiýetiň öz ygtyýarlygynyň çäklerinden çykyp, Hudaýa sežde etmäniň çäklerine geçen ýagdaýynda goldanylýandygyny bellemek wajypdyr. Biz Petrusyň duýduryşlaryny ýatda saklap (1 Petrus 2:15–16 seret), mesihilik azatlygyny erbetligi goldamak üçin ulanmaly däldiris.
Eger mesihi mesihilige duşmançylykly bolan syýasy güýçleriň gözegçiligi astyna düşendigi üçin öz ýurduna garşy hereket etmäge mejbur bolsa, onda şeýtan onuň üstüne ruhy durmuşyny weýran etmäge güýji ýetýän günä duýgularynyň labyryny taşlamaga synanyşýar. Mesihi zähmetsöýerligi we oňat hilli işi bilen ýurduň raýaty hökmünde öz ýurduna wepalylygyny görkezip biler. Barja iýmitiňi beýlekiler bilen paýlaşmaga ýa-da mätäçlere islendik kömegi etmäge taýýardygyň bilen hem wepalylygyňy görkezip bolar.
Beýleki mesihileriň häkimiýet başynda repressiw režim bolan ýurtdan gaçma mümkinçiliklerinden peýdalanmagy mümkin. Şunuň ýaly ýagdaýlarda olar şeýtanyň öz üstlerine günä duýgusy bilen mynjyratma maksady bolan gazaply hüjümleri etmegine garaşyp bilerler. Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astynda meşhur bolmadyk derejäni eýeleýän islendik mesihiniň tölemeli bolan töleginiň bahasy şudur. Ýöne biz eýýäm Hudaýa boýun bolmazlyk zerarly peýda bolýan hakyky günä duýgusyny, adamlaryň pikirleriniň üstünde gurlan ýalan günä duýgusyndan tapawutlandyryp bilýäris.
3. Gorky
Biziň adam tebigatymyzyň esasy duýgularynyň biri hökmünde şeýtan gorkyny ulanýar. Ölümli adam, ylaýta-da, belli bolmadyk adam üçin gorkmaklyk tebigy zatdyr. Adamyň agyrydan we ölümden gorkýandygy düşnükli zatdyr. Bu duýgyny şeýtan hemişe oýnaýar. Ol Şawulyň piliştlileriň öňünde gorkup durşy ýaly, biziň hem gorkudan ýaňa ysmaz bolanymyzy görmek isleýär.
Näme üçin biz gorkynyň özümizi haýykdyrmagyna ýol berýäris? Bir tarapdan, biz öňki gören görgülerimizi ýatlap, olaryň gaýtalanaryndan gaça durmak isleýäris, başga bir tarapdan, biz öňde nämäniň garaşýandygyny bilmeýäris. Köp ýagdaýlarda adamlaryň duýýan gorkulary we aladalary biderek bolup çykýar.
Gorkularyň barysy çaklamalaryň üstünde gurulýandyr. Esasyna seredende gorky hakyky ýaly bolup görünýän ýalan zatlardyr. Eger biz muny hemişe ýadymyza salyp ýörsek, köp gorkulary üstünlikli ýeňip bileris. Dogry, kä halatlarda şol ýalan zatlar, hakykatdanam, çendenaşa ynandyryjy ýaly bolup görünýär. Ýöne biziň bir zady hemişe ýatda saklamagymyz gerek, gorky bilen elhençlik duşmanyň beýleki islendik täri ýaly, ýalanyň üstünde gurlandyr. Ine, näme üçin: «Gorkma» (mysal üçin, Işaýa 41:10 seret) diýen buýruk Mukaddes Kitabyň içinden erş-argaş bolup geçýän eken.
Mesihiler gorkyny ýeňmek üçin dört sany Mukaddes Kitap esasyny bilmelidirler:
• Hudaý hemme zady Öz gözegçiligi astynda saklaýar. Ol diňe özümize bähbit boljak zatlaryň bizi synamaklaryna ýol berýär, sebäbi bize nämäniň hakykatdan bähbitli boljagyny diňe Ol bilýär. Biz Oňa ynanmalydyrys (Filipililer 4:6–7; Resullaryň işleri 27:23–25 seret).
• Biz bu ýerde jahankeşde we ýat ýurtlydyrys. Biziň hakyky öýümiz göklerdedir. Biziň käbirimiz öz öýümize çaklaýşymyzdan irräk barmaly bolýarys. Biz muňa taýýar bolmalydyrys (Ýewreýler 10:32–39 seret).
• Hudaý hemişe erbetligi biziň bähbidimize öwürýär (Rimliler 8:28 seret). Adamyň erbetlik edýändigini, ýöne ony Hudaýyň ýagşylyga öwürýändigini Ýusup öz doganlaryna aýdýar!
• Duşman biziň bakyýetdäki derejämize däl-de, diňe bedenimize zeper ýetirip biler (Luka 12:4–5 seret). «Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bolan Hudaýdan gorkuň» (Matta 10:28) diýende, Isa mesihilere öz ähmiýetli bolan zatlaryny dogry goýuşdyrmagy maslahat berýär.
Agyr ýagdaýlarda dowla düşmäge mejbur edip biläýse, şeýtan begençden ýaňa al asmana uçar. Hytaýlylarda «agyr ýagdaý» jümlesiniň manysynda iki gahrymanly gyzykly sapak bar. Gahrymanlaryň biri — gorky, beýlekisi bolsa — mümkinçilikdir. Munuň manysy agyr ýagdaýlarda şu iki elementiň ikisiniň hem bolýandygyny aňladýar. Netijede, agyr ýagdaý — bu adama belli bir mümkinçilikleri berýän howply ýagdaýdyr.
Eger siz bar ünsüňizi howpda jemleseňiz, onda ysmaz ýaly bolup galarsyňyz. Ýöne pikiriňizi mümkinçiliklere gönükdirseňiz, iman ganatlarynda howpuň ýanyndan uçup gidersiňiz. Şu elementleriň haýsysynda ünsümizi jemlemelidigimizi diňe biziň özümiz saýlaýarys.
Şahsy gorkularymyza esaslanýan şol bir sebäpler bu günäli dünýäde Hudaýyň Öz Ýygnagyny goraýan sesi bolmagymyza ýol bermeýär. Mesihileriň öz jemgyýetinde we medeniýetinde adalatsyzlyga we günälilige garşy açyk gürlemegi öwrenmegi gerekdir. Bu esasan hem, ejir çekýän doganlarymyza kömek edip biläýjek ýagdaýlarymyzda dogrudyr. Ýöne gorkynyň biziň dilimizi şel etmegi ahmal. Biz Ýygnak hökmünde açyk gürlemegi we gorky duýgularyna özümizi aldyrmazlygy öwrenmelidiris.
Ýatda saklaň, biz gorkan wagtymyz Ýazgydaky: «…Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» diýen wadany yglan etmegimiz gerekdir. Biziň hemişe doly ýeňşi gazanan Kişini we şeýtanyň iň soňundaky ykbalynyň nähili boljagyny ýatlap ýörmegimiz gerekdir (Ylham 20:10 seret).
Biz şeýle hem, gorkynyň beýleki tarapynyň Mukaddes Kitapdaky «Rebden gorkmak» diýlip atlandyrylýan gorky bolýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Hudaýyň öňündäki hormatly gorky beýleki gorkularyň hemmesini çym-pytrak edýändir.
4. Dürli dinleriň elementlerini garyşdyrma (sinkretizm)
Şeýtan garym-gatym edilen dini taglymatly köp galp dini toparlary birikdirdi-de, hakyky mesihileri «takwalykda» berk ýazgardy, sebäbi biz mesihdäki gutulyş taglymatyna wepalylygymyza galýarys.
Häzirki zaman dünýä adamlaryň indi çyn hakykata ynanmaýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Çyn Hakykatyň ýoklugynyň tebigy netijesi giň ýaýran nukdaý-nazar bolup durýar. Şol nukdaý-nazara laýyklykda her bir dinde-de nähili hem bolsa, bir gowy zadyň barlygy we ýollaryň hemmesiniňem göklere alyp barýandygy aýdylýar. Şunuň ýaly ýagdaýda adamlaryň özleri islendik dinden islän elementini saýlap, olary islendik görnüşde garyşdyryp bilýärler. Bu hem sinkretizmdir. Mysal üçin, «Täze era» hereketini sinkretik hasaplap bolar.
Sinkretizmdäki esasy sözler «sabyrlylyk» we «gepleşik» diýen sözler bolup durýar. Bu sözler öz başyna gowy sözler, ýöne olar mesihileri eglişik etmäge mejbur edilýän manyda ulanylýar.
Lut — sinkretizmiň öz durmuşyna bildirmän girmegine ýol beren Mukaddes Kitap gahrymanydyr. Gelip çykyş kitabynyň 13-nji babynda biz onuň agyr günäli bolan Sodom şäheriniň golaýjygyndaky jülgede ýerleşişini görýäris. 14-nji bapda ol eýýäm şäherde ýaşaýar. 19-njy bapda bolsa, ol şäheriň ýaşulularynyň biri hökmünde şäher derwezesiniň öňünde otyr. Lut üçin Hudaýa dileg eden daýysy Ybraýymyň arkasyndan ol Sodom bilen Gomora weýran edilende aman galýar.
Adamlar halas bolmanyň dürli ýollaryna ynananlarynda şeýtan heşelle kakýar. Adamlaryň hakykaty bilip, hakykat, ýol we ýaşaýyş bolan Isa Mesihi tanamaklaryny ol islemeýär (Ýahýa 14:6 seret).
Bir adam Hudaýyň doly häsiýetlendirip we hemme adamlary birlige getirip biljek bir sözi gözläp, bütin dünýäni aýlanyp çykýar. Birden onuň kellesine «söýgi» diýen söz gelýär. Birneme wagt geçenden soň ol: «Hudaýa hemme taraplaýyn bolan “Söýgi” diýen ady beriň. Şeýle etsek biz dünýäniň hemme dinlerini bir bütewi zat edip örjek altyn sapagy döredip bileris» diýip ýazýar. Ýöne söýgi Hudaýyň ady däldir. Ol Onuň tebigatydyr. Has takyklaşdyryp aýtsak, Ol şol tebigatyny Öz Ogluny biziň deregimize ölmek üçin goýberende aýan etdi (Ýahýa 3:16 seret). Hudaýyň özümiz üçin beren gurbanlygyny doly kabul edenimizde, hemme adamlary Özünde birleşdirip biljek hakyky Hudaýyň söýgüsini tanap bileris.
1999-njy ýylda Watikanda dürli dinleriň wekilleri ýygnandylar. Bu toparyň içinde Rim Papasy, Dalaý-lama we ymam U.D. Muhammet hem bardy. Şaýatlar: «Delegatlaryň ilkibaşdan hemme dinleriňem hemme taraplaýyn hakykata eýedigi we diňe bir maksada barýan ýoldaky dürli ýollar bolup durýandygy barada pikirde bir agyzdan ylalaşandyklaryny bellemek diýseň ýakymlydyr» diýip çykyş eden bir induist aýalyň aýdan sözlerini ýatlaýarlar. Delegatlar şeýle hem, «gazaply» prozelitizmi bir agyzdan ýazgardylar.
Şunuň ýaly pikir biziň şu günki dünýämizde-de agdyklyk edýär. Bu pikirleriň biziň Ýygnagymyza we aýratyn mesihilere hem mahsus bolmagy üçin şeýtan mümkin bolan zatlaryň hemmesini edýär. Sinkretizmiň ahyrky netijesinde azat jemgyýetlerde mesihiligi wagyz etmäni we beýleki dinlerden bolan adamlary mesihilige çekmegi gadagan edýän kanunlar peýda bolýar.
Şeýtan seresaplylyk bilen adamlary puluň, hususylygyň, emlägiň, fiziki komfortyň dünýewi şöhrat we abraý ýaly durmuşda iň esasy zat bolma nokadyna alyp barýar.
Hudaý bar bolan zatlaryň hemmesini ýaratdy we adamlaryň eýe bolan abadançylyklarynyň hemmesiniň çeşmesi boldy. Ýöne düzgün boýunça diňe Özüne degişli bolan durmuşymyzdaky birinji ýere pul bilen zady goýsak, onda Ol bu ýagdaý bilen ylalaşmaz. Onuň höwes bilen bermek isleýän abadançylygy, Hudaýyň ýerini eýeleýänçä, hakyky ak patalygyna galýar. Şeýlelikde, merkantilizm dünýewi şöhrat we abraý ýaly, puly, hususylygy, emlägi, fiziki komforty hemme zatdan ýokary tutýan durmuşa bolan gatnaşykdyr. «Hudaý ýok» diýmegem gerek däl. Diňe: «Bize Hudaý gerek däl!» diýmek bilen çäklense-de bolar.
Merkantillik mesihiler üçin göze ilmeýän duzak bolýar, sebäbi daşky görnüşimizde mesihiligiň alamatlary bolsa-da, ýüregimizde doly materialist bolup galmagymyz mümkin bolýar. Munuň ýaly ýagdaýy ýuwaşjadan gyzdyrylýan gapdaky gurbaga bilen deňeşdirmek bolar. Suwuň kem-kemden gyzdyrylýandygy sebäpli, gurbaga onuň gyzgynlyk derejesine öwrenişýär-de, howp abanýandygyna düşünmeýär, şonuň üçin hem ölümiň gujagyndan böküp çykmaga-da synanyşmaýar.
Ozalky kommunistik, häzir hem azat ýurt bolan Rumyniýanyň bir ýygnak ýolbaşçysy şeýle diýýär: «Öz şahsy tejribämden bilýärin. Yzarlanmanyň kömegi bilen imany synalma duçar bolan mesihileriň togsan bäş prosenti bu synaga döz geler, ýöne imany baýlyk bilen synalma duçar bolan şol togsan bäş prosent mesihi oňa döz gelmez-de, yza çekiler».
Bizi hilesiniň duzagyna düşürmek başardanda şeýtan şatlanýar. Mesihiler puluň we hususylygyň garaňky taraplarynyň barlygyna ýa-ha düşünenoklar, ýa-da olaryň bardygyny boýun almak islemeýärler. Netijede köpleriň ruhy güýçleri gutarýar. Şol sebäpli Ýygnak hem ruhy taýdan ejizleýär. Pul hem edil ot ýaly, adama gulluk edýärkä gowulyk getirýär, ýöne adamyň hökümdary bolanda bolsa, ony weýran edýär. Eger Ýygnak pul söýgüsiniň hötdesinden gelmek isleýän bolsa, onda onuň puluň hakyky tebigatyna derrew düşünmegi zerurdyr.
Isanyň döwründe hatda ertir hem iýer ýaly azygy we çalyşar ýaly eşigi bolan adam baý hasaplanylypdyr. Şonuň üçin şol ölçeg bilen ölçense, onda häzirki zamanda garyp hasaplanylýan köp adamlar, edil bütin günbatar dünýäsi ýaly, örän baý bolup çykýarlar. Baýlyk özbaşyna erbet zat däldir. Howp aşaky häsiýetlere eýe bolan markentilizmdedir.
Baýlyk özüne çekiji güýjüň kömegi bilen adamlary köplenç Isa Mesihden we Onuň Patyşalygyndan ýüz öwürmäge mejbur edip bilýän howpy özünde gizleýär. Günleriň birinde Isanyň ýanyna bir ýaş baý ýigit gelýär. Ýöne Isa oňa emlägini garyplara paýlamaklygy teklip edende,ol gaýgylanyp, Onuň ýanyndan gidýär. Isa bu ýagdaýy: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin» diýen sözler bilen düşündiriş berdi (Luka 18:24; Markus 10:23; Matta 19:23).
Baýlyga bolan ymtylyş hemme zady etmäge, hatda şeýtana janyny satmaklyga çenli hem alyp baryp bilýär. Netijede, adamlaryň häzir synaga düşjekdigini, soňrak bolsa, nälet astyna düşjekdigini Mukaddes Kitap duýdurýar (1 Timoteos 6:9–10 seret). Material zatlaryň bolçulygy Hudaýyň hemme zadyň çeşmesi bolup durýandygyny unutmagymyza alyp barmagy ahmal. Ysraýyllylara wada berlen Ýurda girmeziniň öň ýanynda şu howpuň bardygy aýdylyp duýduryş berildi (Kanun taglymaty 8:11–17).
Baýlyga bolan ymtylyş köplenç urşa alyp barýar. Bu barada Ýakubyň hatynda aýdyň gürrüň berilýär (4:1–2) we dünýä taryhyndaky köp mysallar bilen tassyklanylýar. Baýlyk adamlaryň ýüreklerinde garyplaryň mätäçligine duýgudaşlyk galdyrmaýar-da, gaýtam olary gatadýar. Baýlar köplenç öz gapylarynda duran garyplara biperwaý garaýarlar (Luka 16:19–31; Işaýa 5:8–10; Amos 6:4–7; Ýakup 5:1–5 seret).
Pul belli bir derejede güýç bolup durýandyr. Pul öz häsiýeti boýunça arwahyň güýjüdir. Isa baýlyk barada gürrüň berende, arameý dilindäki «mammon» diýen jümläni ulanýar. Ol şonda Özi bilen ruhy we fiziki şekilde bäsdeşlik edýän hudaýy göz öňünde tutýar. Mammon — biziň üstümizden agalyk sürmäge jan edýän güýçdir.
Şeýlelikde, pul — bu işjeň güýçdür, özi babatdaky wepalylyga ynandyrmaga ukyply bolan öz başyna bir kanundyr. Bir çetde durup, puluň yzynda adamlaryň düşýän boş howsalalaryny synlamaklyk sapak alarlykly zat bolardy. Munuň ýaly boş hysyrdylar diňe bir garyplaryň ýa-da ýoksullaryň arasynda höküm sürmeýär. Dünýädäki iň baý adamlar hem has-da baýlaşmaga ymtylyş bilen gümra bolýarlar. Orta klasyň wekilleri jaý, maşyn, zerur bolan mukdarda eşik satyn almagyny dowam etdirýärler. Eger pul ýöne bir haryt satyn almanyň serişdesi bolan bolsa, onda onuň köp mukdaryny edinmegiň manysy hem bolmazdy. Biz adamlara özleriniň gurplylygyna garap baha berýäris. Biz adamlara pulunyň sanyna laýyklykda hormat-sylag edýäris.
Ýöne Mammon hudaýyny nädip ýeňmeli? Esasy zat — bu Mukaddes Ruh biziň bilendigi, Isanyň hem biziň Mugallymymyzdygydyr. Mukaddes Kitap bir mümkinçiligi teklip edýär. Şol mümkinçilige esaslanyp, ähli ykdysady kararlarymyza gelmegimiz we ähli wadalara baha bermegimiz gerekdir. Aşakda şu babatda birnäçe teklipler berlendir:
• Puluň özüňizde döredýän duýgulary — gorky, goragsyzlyk, günä duýgusy, tekepbirlik ýa-da göripçilik bilen özüňiz düşünişiň. Biz az pully bolmakdan ýa-da asla pulsuz galmakdan gorkýarys. Biziň gorkularymyz hiç zada esaslanmaýar we hakykatdan daşdadyr. Wadalar Sözüne ýüzlenmezimizden öňürti biziň şol duýgulary tertibe salmagymyz gerekdir.
• Özüňiziň material taýdan barlylygyňyza garşy çykmagyňyzy bes ediň. Zadyňyzyň azlygyndan zeýrenmäniň deregine, dünýäniň raýatlary boluň-da, özüňize bütin adamzadyň fonunda serediň.
• Wagyz edip bolaýjak mümkinçilikleri dörediň. Biz özümiziň wagyz ediş sözlerimizde köplenç günäleri boýun almalary ýa-ha ýazgardyk, ýa-da öwdük, ýöne biri-biriniň öňünde şeýle etmeklige adamlara ýardam etmedik. Biziň köpimiz özümizi ýalňyz ýa-da hiç kime gerek däl ýaly duýýarys. Eger: «Meni bagyşla, sebäbi men günä etdim; pul meniň garagymy gapdy!» diýen ýaly sözler bilen öz gorkularymyzy we düşýän synaglarymyzy boýun alsak, nähili gowy bolardy.
• Özüňize bu çylşyrymly ýagdaýdan çykmaga kömek edip biläýjek başga bir adamy tapyň. Puluň maýyl ediji güýji başyňyzy aýlap başlanyny göreniňizde, biri-biriňize kömek etmeklige söz berip, biri-biriňiz bilen äht baglaşsaňyz hem bolýar. Muny söýgi we rehimdarlyk ruhunda etmelisiňiz. Bize özümize kömek etjek we özümizi goldajak adamlar gerek.
• Garyp-gasarlar bilen gatnaşma mümkinçiligini gözläň. Barly durmuşyň gözgyny netijelere eltmegi-de mümkin. Bu biziň garyp-gasarlardan daşlaşyp, olaryň hasratlaryny we agyrylaryny eýýäm görmeýändigimizde beýanyny tapyp biler. Bize garyplaryň arasynda bolup, ders bermek däl-de, olardan öwrenmek gerek.
• Şatlykly we sahy ýürek bilen beriň. Bermekligiň sizdäki gysgançlygy ýuwaş-ýuwaşdan ýok etmäge güýji ýetýändir. Hatda garyplaram özleriniň berip bilýändiklerini bilmelidirler. Pul bilen ýa-da beýleki hazynalarymyz bilen aýrylyşmanyň özi biziň içimizde bir zat edýär. Ol biziň içimizdäki açgözlügi derbi-dagyn edýär.
Özümiziň Mammona garşy alyp barýan göreşimizde, geliň, Dostumyz hökmünde bize kömek etmek isleýän Hudaýa garalyň. Ol bizi ýazgarýan duşman däldir. Biziň sada durmuşda ýaşamaga edýän synanyşmalarymyz dileg etmekden başlanýar. Şol dilegde biz öz Rebbimize ahyryna çenli Öz yzyna düşmäge taýýardygymyzy aýdýarys. Şondan soň biziň diňe Oňa boýun bolmagymyz gerek. Şeýle etsek Ol hem bizi gönükdirer we öwüt-nesihat berer.
Ýaňy ýakynda hytaýly ýolbaşçylar öz ýygnaklaryndaky ýüze çykan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar. Birinji ýerdäki mesele hökmünde pul bilen material taýdan özüne imrindiriji zatlar agzaldy. Bu howp iki çeşmeden döreýändir. Birinjisi — ýygnagy zerur bolan ruhy çopanlardan mahrum edip, ýygnak ýolbaşçylaryny telekeçilige gitmäge iterýän Hytaýyň kenar ýaka sebitlerindäki durmuşyň ösüp barýan derejesidir.
Beýleki bir mesele günbatarly mesihileriň Hytaýdaky öý ýygnanyşyklaryna sadaka berýändigindedir. Nemes ýygnaklarynyň topary gizlin seminariýa esaslandyrar ýaly, öý ýygnagynyň meşhur ýolbaşçysyna on müň amerikan dollaryny sadaka berýär. Ol bu maksat üçin berlen puluň diňe üçden bir bölegini sarp edýär-de, galanlaryny alyp, ýurtdan çykyp gidýär.
Onuň halypasy şeýle diýýär: «Eger bütin ömrümizi garyplykda diýen ýaly ýaşan bolsak, onda munuň ýaly maýyl ediji zadyň öňünde biziň örän az sanlymyz durup bileris. Adamy munuň ýaly ýagdaýa salmaly däl eken, bolmasa-da, oňa puly hasabat soraman, özüne bermeli eken».
Ýygnak ýolbaşçylary ruhy çopanlaryň arasyndaky hasabat berlişini berkitmäge gönükdirilen belli bir ugry işläp düzdüler. Olar, hatda, günbatarly mesihilere: «Haýyş edýäris, pul berme kararyna gelmeziňizden ozal, yhlasly dileg ediň. Pullary öý ýygnaklarynyň işleri bilen gatnaşyk saklamakda tejribesi bolan wagyzçylyk bilen meşgullanýan guramalaryň üsti bilen bermäge çalşyň. Mesihileriň şahsy mätäçlikleri üçin bolsa minimal mukdardaky puly beriň» diýip haýyş edip, hat hem ýazdylar.
Üns beriň: şeýtanyň hüjümleri ýalan bilen gorkuzmalara daýanýar. Duşman mesihiler barada ýalan maglumatlar bermäge, olary sähelçe mümkinçilik bolan hemme ýerde ýalňyşdyrmaga we aldamaga çalyşýar. Ol şeýle hem, biziň gorka boýun bolmamyzy-da ulanmaga synanyşýar. Eger biz Onuň ugrukdyrmasyny gözläp başlasak, onda hakykat Ruhy bolan Mukaddes Ruh şeýtanyň islendik ýalanynyň üstüni açyp, bize zerur bolan batyrlygy berip bilýär. Biziň öz durmuşymyzda şeýtana hiç hili ýer bermezlik kararyna gelmegimiz gerek (Efesliler 4:27 seret). Biz oňa garşy ýaraglanmalydyrys (Efesliler 6:10–18 seret) we Hudaýyň özümize beren güýjüniň kömegi bilen oňa garşy durmalydyrys (Ýakup 4:7 seret). Biz Isanyň döken ganynyň öz günälerimizi ýuwandygyna doly ynamly bolup (Ylham 12:10–11), Hudaýyň şeýtana edilen gadaganlyk bolmagy üçin Oňa ýüzlenip bileris (Ýahuda 9).
Rollarda türgenleşme:
Siz repressiw režimli ýurtda ýaşaýarsyňyz, puluňyzam az. Siziň ýurduňyzda Mukaddes Kitap we beýleki ruhy edebiýatlar ýetmezçilik edýär.
Günleriň birinde siziň ýygnagyňyzda päk ýürekli we dostluk söýüji ýaly bolup görnen daşary ýurtly bir adam peýda bolýar. Ol size Günbatardaky öz ýygnagynyň aýal doganlar bölümi ýaly bir ýygnak bolma şerti bilen size uly mukdardaky pul teklip edýär. Ol size eger täze ýygnaklary açyp bilseňiz, sahylyk bilen kömek puluny bermekligi wada berýär.
Maliýe serişdelerini ulanmakda berk hasabatlylygy üpjün etmek maksady bilen berijiler hökmünde bolşy ýaly, alyjylar hökmünde hem öz talaplaryny dogry düşündirmek üçin ýerli ýygnaklaryň ýolbaşçylary näme etmelidirler?
Kime pul berse bolar? Aýratyn bir adamamy ýa-da topara? Hasabat bermegiň nähili düzgünlerini bellemek bolar?
Rollarda türgenleşmeklige «Material zatlara bagly bolmaklygy nädip ýeňip geçmeli» diýen bölümde sanalyp geçilen teklipleri hem goşuň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hakyky günä duýgusyny ýalan günä duýgusyndan nähili tapawutlandyryp bolýar?
2. Eger siz günäleriňize toba etseňiz, hakyky günä duýgusyna näme bolýar?
3. Raýatlyk häkimliginiň ygtyýarlygynyň daşynda nähili hakykatlar ýatyr?
4. Siziň toparyňyzda irki Ýygnakda mesihileriň hemme zadynyň umumy bolandakysy ýaly durmuşda ýaşamak mümkinmi?
11-nji bap
RUHY URUŞ
2 Korintoslylar 10:4
Öň musulman bolan bir filippin ruhy çopany Filippiniň günorta bölegindäki Mindanao adasynda ýaşaýar. Bir wagtlar ol meşhur garakçylar toparynyň ýolbaşçysy bolupdyr, şonuň üçin hem talaňçylyk we ganhorluk edeni sebäpli, birnäçe ýylyny türmede geçiripdir. Ol türmede Isa mesihe iman edýär.
Ol türmeden çykandan soň, gaty köp musulmanlary Mesihe getirip başlapdyr. Şol sebäbe görä-de, musulman ekstremistleri onuň on dört ýaşly gyzyny ogurlaýarlar. Olar oňa gyzyny Hoş Habary wagyz etmegini bes eden we yslama gaýdyp gelen ýagdaýynda berjekdigini aýdýarlar.
Bu ruhy çopan aýaly bilen yhlasly dileg edip, Hudaýdan gorag soraýar. Ol şonda bu ýalan hilä jogap hökmünde hiç hili eglişik etmeli däldigine derrew düşünýär. Ol üç ýylyň dowamynda özüniň ýiten gyzy üçin güýçli dileg etmesini dowam etdirýär.
Ol: «Olaryň öz gyzyma her hili elhençlik edip biljekdigine garamazdan, men Hudaýdan başga hiç kimden gorkmaýardym. Men hemmelerden öz gyzym üçin we özümiň Hoş Habary wagyz etmämi dowam etdirip bilmegim üçin dileg etmeklerini haýyş etdim» diýip gürrüň berýär.
1995-nji ýylyň başynda, ol ahyrsoňy gyzyndan hat alýar. Gyzy hatynda ene-atasyna özüni goňşy Günorta Malaýziýa jelep hökmünde satandyklaryny gürrüň berýär. Ýöne Hudaý oňa öz hojaýynlarynyň elinden gaçmaga kömek edýär. Bir rehimdar malaýziýa maşgalasy gyzy öz öýünde gizläp goýýar. Gyz ol ýerde bir ýaş ýigide aşyk bolýar. Soň olar bile durmuş gurýarlar. Gyzy ene-atasy bilen howpsuz bir ýerde gizlinlikde duşuşmak barada gürleşýär.
…Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr.
Biz geçen sahypalarymyzda öz duşmanymyzyň häsiýetlerini öwrendik. Indi bolsa, onuň garşysyna alyp barjak söweşimiziň häsiýetini öwrenmegimiz gerekdir.
Adaty uruşda uruşýan taraplary dürli görnüşler boýunça tapawutlandyrmak aňsat bolýar. Ýaragy-da tapawutlandyrmak kyn bolmaýar. Söweşiň barýan ugry bolsa, garşydaş taraplaryň eýelän ýagdaýyny görkezýär. Ýöne partizançylyk urşunuň şertlerinde hemme zat köp derejede kyn bolýar. Duşmanyň nirede ýerleşýändigini aýtmak kyn bolýar. Ol hemme ýerde bolup biler we hiç ýerde-de bolman biler. Duşmanda biziň özüni tanamagymyza kömek edip biläýjek hiç hili tapawutlandyryjy alamatlary bolmaýar. Duşmanyň ýaragy öz öýünde, ulag serişdesinde, hatda teninde-de gizlenen bolup biler. Harby hereketler adam güýjündäki uly ýitgiler bilen uzak wagtlap dowam edip biler. Munuň ýaly urşuň lapykeçlik döretmegi, köp ýagdaýlarda aýgytly ýeňşiň kimiň tarapyndadygyny kesgitlemegi mümkin däl etmegi ahmal.
Ruhy uruş hemmesinden beterem diňe partizançylyk urşuny hakydaňa getirýär. Şu sebäbe görä-de, urşy alyp barmak örän kyn bolýar. Köp mesihiler, hatda özleriniň ruhy urşa çekilendigine-de düşünmeýärler ýa-da olar nazarýet taýdan ruhy uruş barada bilýärler, emma oňa uly bir ähmiýetem berip durmaýarlar. Eger biz özümiziň hakyky we göze görünýän dünýämizde hereket edýän göze görünmeýän güýçleriň bardygyny ykrar etmesek, eger bolmalysy ýaly ýaraglanmasak, onda söweş alyp barmaklyga düýbünden taýýar däl bolup galarys.
Duşmany tanamak, hakykatdanam, gaty kyndyr. Onuň tärleri-de köplere tanyş däldir. Şonuň üçin köp mesihiler ýeňlişe sezewar bolýarlar, ýöne özleri muňa düşünmeýärler. Şonda-da, biz şol uruş üçin doglandyrys. Biz ýokardan dogluş alan badymyza, derrew dogrulygy geýindik-de, gökdäki goşunlaryň Serkerdesiniň Özüniň gözegçiligi astynda urşa gitmek üçin ýaraglandyk.
Hakyky urşa gatnaşýan mesihiler hökmünde biz öz ünsümizi bu urşuň arwah-jynly jähtinde jemlemeli däl-de, diri Hudaýda jemlemelidiris. Biz duşmanyň, edil ýüregedüşgünç çybynlara edilişi ýaly, öz ýolumyzda goýuşdyran ünsi bölüji pursatlaryna degişli bolmalydyrys. Bolmasa pikirimizi bölüp, ünsümizi özlerinde we özleriniň dolandyrýan göze görnüp duran dünýäsinde jemlemeklik şeýtan bilen onuň ýaranlaryna başardar. Emma biziň ünsümiz Hudaýyň göze görünmeýän dünýädäki dolandyryşyna dikilen bolmalydyr (Efesliler 2:6; 2 Korintoslylar 4:18).
Ruhy uruş Hudaýyň Patyşalygy bilen şeýtanyň patyşalygynyň arasynda gidýän kosmiki dawa-jenjeldir. Ýatda saklaň, biz ýeňiş ugrunda göreşýän iki deň hukukly patyşalyk barada gürrüň edýän däldiris. Şeýtan bary-ýogy ýaradylan ruhdyr. Mesih bolsa, hemme güýçleriň dolulygyna we ygtyýara eýedir. Şeýtanyň häkimligi haçda derbi-dagyn edildi. Pesul Pawlus Koloselilere ýazan hatynda (2:15) biziň üçin şu sözleri ýazypdyr: «(Isa) hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi». Şonuň üçin, şeýtanyň bu günki günde elinde galan ýekeje ygtyýary onuň adamlary aldap bilme, Hudaýyň şöhratyny görüp bilmezleri ýaly, gözlerini kör edip bilme ukybynda jemlenýändir (2 Korintoslylar 4:3–4 seret).
Şeýtanyň esasy strategiýasy onuň bölmek we häkimlik etmek höwesinde jemlenýändir. Onuň esasy täri aýyplamadan, aldamadan, bizi Gökdäki Atamyzdan we biri-birimizden aýyrmakdan ybaratdyr. Adamzady tümlükde galdyrmak üçin ol adamlaryň Hudaýa degişli bolan sredany haramlamak işine işjeňlik bilen ýolbaşçylyk edýär. Beýik Tabşyrygy ýerine ýetirmekde Mesihiň Bedeninde bir bolmaklyk, ine, näme üçin wajyp eken.
Bu dünýäniň bulam-bujarlygynyň içinde azaşan imansyz adamlar öz-özüne kast etmeklige çenli baryp ýetýän guramaçylyksyz adamlar bilen gatnaşmak islemeýärler. Isa Mesihiň Ýygnagy söýgä esaslanmalydyr. Biz heläk bolup barýan dünýä üçin gaçybatalga, howpsyz ýer bolmalydyrys!
Indi, geliň, ruhy urşy alyp barmanyň hemme derejelerini öwreneliň.
Adamyň hereketi ýa-da ýagdaýy
• arkaýyn edilen günä (Rimliler 3:9–12);
• okkult bilen meşgullanma ýa-da kultuň işleri (Resullaryň işleri 19:18–19);
• jynlar tarapyndan eýelenmeklik (Markus 9:17–27);
• nesilden-nesle geçýän ýa-da dogabitdi günälilik (Sanlar 14:18)
görnüşinde kesgitlenilen ýagdaýynda, şeýtanyň adama täsir etmäge kanuny hukugy bardyr.
Markusyň Hoş Habarynda (1:21–28) Isa bize özüni ezijilerden azat bolan jynly adam barada gürrüň berýär: «Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni gelende, Isa sinagoga baryp, ders bermäge durdy. Onuň taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly Biri ýaly bolup ders berýärdi. Şol wagt olaryň sinagogasynda bir arwahly adam bardy. Ol: “Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň Kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň” diýip gygyrdy. Emma Isa oňa käýäp: “Sesiňi çykarma-da, ondan çyk” diýdi. Arwah hem ol adamy gaty sandyratdy-da, gaty gygyryp ondan çykdy. Hemmeler geňirgenişip, biri-birlerinden: “Bu näme?” diýşip soramaga başladylar. “Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Onuň aýdanyna gulak asýarlar!” diýişdiler. Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler Jeliläniň bütin etrabyna tiz ýaýrady».
Şu parçany okanyňyzda aşakdakylara üns beriň:
• Arwah eýelän adam beýleki dindar adamlar bilen sinagogada bile otyrdy. Ol hem Hudaýyň gözleýän adamlara degişli bolupdyr diýip çaklap bileris. Jyn eýelän bu adam sinagoga gelýänçä, özüni gaty gowy duýan bolmagy-da mümkin.
• Hudaýyň nury peýda bolanda, tümlük ýitip ugrady! Ol adam jan alyş-beriş ýagdaýynda gygyryp başlady, sebäbi ondaky jyn öz möwritiniň dolup, höküm edilmeli wagtynyň gelendigine derrew düşündi.
• Isa bu ruha özüni rahat alyp barmaklygy we adamdan çykyp gitmekligi buýruk berdi. Biz bu bagtyýatan adamlara normal däl adamlar hökmünde garamaly däldiris. Öz goňşularymyzyň, ýygnakdaky dostlarymyzyň ýa-da maşgala agzalarymyzyň hem edil şunuň ýaly ýagdaýda bolaýmagy hem ahmal. Isa ol adamy özüni ezijilerden halas etmek isledi. Ol ony kemsitmezden we utandyrmazdan şeýle hem etdi.
• Isa ýüze çykan ýagdaýy äsgermezlik edip durman, ony derrewiň özünde çözdi. Ol gynançdan püre-pürdi, şonuň üçin hem ol adamy azat halda görmek isledi.
• Isa sinagoga gatnap ýören adamy jynyň näme üçin eýeländigini düşündirip oturmady. Erbet ruhlaryň gozgalaňçy häsiýeti bar. Isa şol ruha ses etmezligi buýruk beren bolsa-da, ol çirkin ses edip, soň hem adamdan çykdy.
Dünýädäki iň uly ýygnaklaryň birine ýolbaşçylyk edýän koreýaly ruhy çopan Deýwid Ýonggi Ço meşhur lukmana durmuşa çykan owadan we sowatly bir aýal barada gürrüň berýär. Ol on ýylyň dowamynda ysmaz bolup ýatypdyr. Adamsy aýalyna şypa berip biläýjek serişdäni tapmaga çalşypdyr. Ahyrsoňunda aýal ruhy çopan Çonuň ýygnagyna gatnap başlapdyr.
Bir gezek ir ertir geçirilýän dileg ýygnaklarynyň birinde ol aýal birden ýerinden turup, çirkin, adatdan daşary sesleri çykaryp başlapdyr. Soň hem jynyň gülküsiniň sesi ýaňlanypdyr. Mesihiler gaty gorkup, otagdan çykyp gaçýarlar.
Ruhy çopan Ço oňa beýle etmegi gadagan edende, ol: «Bu gün biz seni öldüreris» diýen ýogyndan gödeksi sesi eşidýär.
Ruhy çopan Ço: «Siz kim?» diýip soraýar. Gödeksi ses: «Biz jynlar!» diýip jogap berýär. Edil şol pursatda aýal ruhy çopanyň kellesine urýar-da, ony ýykýar.
Ruhy çopan Hudaýa ýüzlenip: «Ýa Reb! Öz ganyňy meniň üstüme sep!» diýýär. Soň ol aýal tarapa öwrülip: «Isa Mesihiň adyndan aýdýaryn, sen, jyn, ýok bol şu ýerden» diýip buýruk berýär.
Gödeksi ses: «Biz köpçülik. Biz çykmaýarys! Bu gün sen ýeňildiň» diýip jogap berýär.
Ruhy çopan Ço dört sagatlap dileg edýär. Soň ol gowy ýadap birneme dynjyny alýar. Soň ýene-de jynlara çykmaklygy Isa Mesihiň adyndan buýruk berip, dört sagatlap dileg edýär.
Eýýäm garaňky hem düşüpdi. Ruhy çopan sekiz sagatlyk ruhy göreşden soň, ruhdan düşmäniň hüjüm edýändigini duýýar. Ol Isa Mesihe ýalbaryp ýüzlenýär. Şondan soň öz içinde Mukaddes Ruhuň gürlänini duýýar.
Ruhy çopan ýene-de buýruk berýär, ýöne bu gezek gaty we ygtyýarly ses bilen: «Isa Mesihiň adyndan men size buýruk berýärin, çykyň-da, ýok boluň!» diýip buýruk berýär.
Aýal çirkin ses edýär-de gaýtarýar. Ilkibaşda ol poluň üstünde iki taýa togalanýar, ýöne soň öli ýaly demsiz-düýtsüz ýatyberýär. Soň ol gözlerini açyp: «Ruhy çopan, bagyşlaweriň. Men özüme hiç erk edip bilmedim. Jynlar biri-birlerine siziň asla tejribesizdigiňizi, eger tutanýerlilik görkezseler, onda üstünlik gazanyp biljekdiklerini aýtdylar. Meniň endam-janym soka salynan ýaly agyrýar. Ýöne indi men azat boldum!» diýdi.
Aýal ýene-de gygyryp başlady, ýöne bu gezek şatlykdan ýaňa gygyrdy, sebäbi onuň ysmaz keseli aýrylypdy. Bu gudratyň netijesinde onuň adamsy öz durmuşyny Rebbe bagyş etdi.
Okkult derejesindäki ruhy uruş jynlaryň güýjüne garşy durmak bilen häsiýetlendirilýär. Käbir pidalar jynlaryň gol astyna kiçijik ýalňyşlyk sebäpli, beýlekiler bolsa şeýtandan açykdan-açyk güýç sorandyklary üçin düşen bolsalar-da, ruhy urşuň bu derejesi, düzgün bolşy ýaly, beýlekilerden gazaplyrak bolýar. Resullaryň işleri kitabynda (16:16–23) biz Pawlus bilen içine palçylyk ruhy giren bir ýaş aýal baradaky waka duş gelýäris: «Soňra doga okalýan ýere barýarkak, pal atma bilen hojaýynlaryna uly gazanç getirýän, palçy ruhly bir kenize duş geldik. Bu gyz Pawlus dagymyzyň yzymyza düşüp: “Bu adamlar hemmelerden beýik Hudaýyň gullary, olar bize gutulma ýoluny wagyz edýärler” diýip gygyrýardy. Ol gygyrmasyny ençeme günläp dowam edensoň, Pawlus gaty tolgundy-da, yzyna öwrülip, ruha: “Onuň içinden çykmagy Isa mesihiň adyndan saňa buýurýaryn!” diýdi. Ruh şol pursatyň özünde daşary çykdy. Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, başlyklaryň öňüne süýrediler. Olary häkimleriň öňüne getirip: “Bu adamlar şäherimizi bulam-bujar edýärler; özleri hem ýehudy. Biz-rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!” diýdiler. Halaýyk hem olara garşy aýaga galdy; şeýlelikde, häkimler “Egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urmaly” diýen buýrugy berdiler. Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, türmeçä olary berk saklamagy buýurdylar».
Üns beriň:
• Pawlus bilen Silasa ýaş aýal duşup, özüne açylan zady aýdyp gygyryp başlanda, olar doga okalýan (dileg edilýän) ýere barýardylar. Bu aýalyň şu hereketini birnäçe günüň dowamynda gaýtalap ýörendigi Mukaddes Kitapda aýdylýar. Biziň ünsümizi dileg etmekden sowmagy duşman gaty gowy görýär.
• Bu aýaly palçylyk ruhunyň eýeländigini Pawlus bilýärdi. Aýal Pawlus barada gürrüň edende hakykaty aýtdy. Ýöne aýalyň üsti bilen gürleýän şeýtanyň maksadynyň nämedigine düşünmek üçin biz görnüp duran alamatdan has aňyrraga seretmegi başarmalydyrys. Aýalyň weliliginiň çeşmesi bilen resullaryň görkezen gudratyny şol bir zat ýaly görkezmek bilen şeýtan Pawlusdyr Silasyň aýdýan zatlarynyň abraýyny gaçyrmak isledi. Şeýdip, ol Hoş Habar bilen resullaryň abraýyny gaçyryp biljekdi.
• Pawlus aýaly ruhuň eýeländigini bilýärdi, ýöne Hudaý özüne aýala bolan nebsiagyryjylygy berip, aýaldan erbet ruhy kowmak üçin ruhy ygtyýaryny ulanmaklyga buýruk berýänçä, bu aýalyň sesini goýdurmaga synanyşyk hem etmedi. Belli bir mesele boýunça özümize berlen görnüş bolsa-da, hatda özümizde ruhy ygtyýarymyzyň bardygyna düşünsek-de, bu bize hereket etmäge rugsat berlendigini aňlatmaýar. Keseliň anyklanylmagy hereket etmeklige berlen buýruk däldir! (Luka 10:19 seret).
Ýene iki waka üns bereliň, ýöne bu gezek häzirki zaman wakasy.
Kanadanyň uly bolmadyk bir konserwatiw şäherjiginde şeýtanyň ýygnagy bar. Bir gezek şeýtançylaryň sebitde geçirilen konferensiýasynda, şeýtanyň şol şäherdäki ýygnagy ýeten beýik derejeleri üçin magtanyldy.
Şol ýyl şeýtançylar öz şäherindäki mesihi ýolbaşçylarynyň ýok edilmegi üçin öňden taýýarlanan sanaw boýunça dileg edýärler. Olar ddileglerinde ýolbaşçylaryň ahlaksyz işleri etmeklerini, olaryň maşgalalarynyň dargamagyny soradylar. Şol ýylyň içinde şäherdäki iň güýçli mesihi ýolbaşçylaryndan bäşisi öz ýygnagyny terk edip gitmäge mejbur boldy.
Takmynan, edil şol wagtlarda bir telekeçi uçarda uçup barýarka, ýanynda oturan adamyň nahar iýmänini görýär. Şonda ol ýanynda oturan adamdan näme üçin nahar iýmeýändigini soraýar. Ol adam hem oraza tutýandygyny aýdyp jogap berýär.
— Diýmek, sizem mesihi-dä, — diýip, telekeçi gyzyklanýar.
— Ýok, men şeýtanyň şägirdi. Biz bäş ýüz sany mesihi maşgalasynyň dargamagy üçin oraza tutup dileg edýäris, — diýip, ol adam jogap berdi.
Indoneziýanyň uzakdaky obalarynda işleýän aziýaly wagyzçylar okkult güýçlerine duş geldiler. Şondan soň olar bir syrkaw aýal üçin dileg edýärler welin, Hudaý ol aýala gudrat bilen şypa berýär.
Ýerli jadygöý munuň ýaly zatlaryň bolanyna diýseň birahat bolýar. Wagyzçylar indiki gezek bu oba gelenlerinde, şol jadygöý olary güýç synanyşmaklyga çagyrýar. Ol öz pikiriçe adatdan daşary güýjüniň çeşmesi bolan ýüzügini çykaryp, ony köneje agaç stoluň üstünde goýýar. Soň ol şeýle diýýär: «Geliň her kim öz hudaýyna doga etsin. Hudaýlaryň haýsysy ýüzügi töwerekleýin aýlandyryp bilse, şol iň kuwwatlysy bolar. Şondan soň ýeňilen hudaýyň yzyna eýerýänler bu obadan gidip, gaýdybam hiç haçan yzyna dolanmaly däldir. Men ilki bolup başlajak».
Baş jadygöý ajy ýylgyryş bilen ýerinden gozganman, oturan ýerinden ýüzüge nazaryny dikýär. Ýaryşyň gidişine seredip duran mesihi wagyzçylarynyň aklyny haýran edip, ýüzük derrewiň özünde pyrlanyp başlaýar.
Soň olaryň nobaty gelýär. Kiçijik topar ýuwaşjadan: «Ol Rebdir» diýen aýdymy aýdyp durka, wagyzçylaryň ýolbaşçysy gaty ses bilen dileg edip, Hudaýdan Öz güýjüni görkezmegini, kuwwatyny we hemme zatdan beýikdigini subut etmegini soraýar.
Ýygnananlaryň hemmesini geň galdyryp, ýüzük baş jadygöý bilen bilelikde pyrlanyp başlaýar. Jadygöý aýylganç ses bilen gygyryp, iň Beýik güýçden özüni pyrlamagyny bes etmegini ýalbaryp soraýança, pyrlanma gitdigiçe güýçlenýär.
Ýeňilen jadygöý şol obadan hemişelik gidýär. Edil şol agşam ruhy taýdan bolan başa-baş göreşden soň, obanyň köp ýaşaýjylary Mesihe toba edýär.
Mesihi doganlyk jemgyýetinde «territoriýalardaky ruhlar», ýagny belli bir geografik etrapdaky ruhy häkimiýetlere we başlyklara garşy alnyp barylýan ruhy uruş sferasy baradaky taglymata ullakan gyzyklanma bar. Biziň şol erbet ruhlary gowy tanamagymyz, atlaryny hem bilmegimiz gerekdir
Görnüşine görä, erbet ruhlaryň hakykatdanam, belli bir territoriýalarda «hasaba alnandygy» Danyýel pygamberiň kitabynda aýdylýar (10:12–14). Ýöne şol erbet ruhlar bilen gatnaşygyň bolandygy ýa-da olar bilen gatnaşyga başlamalydygyna buýruk berlendigi barada Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmaýar. Mysal üçin, Danyýel belli bir halklar bilen baglanyşykly bolan ruhy başlyklaryň ölümi üçin dileg etmedi. Ol Öz ygtyýarly häkimligi bilen perişdeleri ýerlerdäki häkimliklere garşy söweşmek üçin iberen Hudaýa dileg etdi.
Mukaddes Kitaby öwrenýän mugallym Klinton Arnold: «Resul Pawlus garaňkylygyň güýjüni hiç haçan hem haýsy-da bolsa bir ýurt ýa-da bir territoriýa bilen baglanyşdyrmaýar. Mysal üçin, ol hiç haçan Hudaýdan Rimiň ýa-da Korintosyň üstünden höküm sürýän erbet ruhlaryň üstüne uruş bilen gitmekligi soramady. Dogry, Pawlus Ýygnaga hüjüm edip, onuň işleriniň ýerine ýetirilmegine päsgel berýän güýçli arwah güýçleriniň bardygyny ykrar etdi hem-de olary diňe Hudaýyň güýjüne bil baglamak bilen ýeňip boljakdygyny belledi» diýip aýdýar.
Ýokarky Müsürdäki Luksor şäheri köneäht döwründe Fiwy ýaly meşhur şäher bolupdyr. Ol Kairiň günortasyndan segsen kilometrlik aralykda Patyşalar Jülgesi diýlip atlandyrylýan ýerde, ýagny Tuta fyrown bilen beýleki gadymy müsür patyşalarynyň gabyrhanalarynyň ýerleşýän ýerindäki Nil derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Fiwanyň ady Ýeremiýa pygamberiň kitabynda agzalyp geçilýär (Ýeremiýa 46:25 seret). Onuň hudaýy Ammonda bolsa, sebit ruhy häkimiýetiniň ähli häsiýetleri bolýar. Bu şäherleriň dört müň bäş ýüz ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda doga edýän, oraza tutýan ýa-da Rebbi şöhratlandyrýan nähilidir bir toparyň tümlügiň güýçlerine garşy ýekeje gezek ruhy söweş alyp barandygy barada hiç hili şaýatlygam ýokdur.
2000-nji ýylyň ahyrlarynda (Ýygnagyň işjeňliginiň örän ejiz ýeri bolan) ýurduň günorta etraplaryndan ýetmişe golaý müsür töwellaçysy oraza tutup, Müsür üçin dileg etmek üçin ýygnanýarlar. Olar şeýle hem, Ammon hudaýyň güýjüni ýeňmekleri üçin Hudaýa dileg etdiler. Töwellaçylar birnäçe dileg saparlary bilen ýerli «mukaddes ýere» barýarlar.
Agşamlaryna ýerli ybadathanada dileg ediş ýygnanyşyklary geçirilýärdi. Ikinji gije Mukaddes Ruh Özüni aýan edýär. Şonda onlarça imanlylar (şol sebitlerde giň ýaýran) jadygöýçilik edendiklerine we gözbagçylykly däplere gatnaşandyklaryna toba edýärler. Ýygnanyşyk gije sagat ikiniň ýaryna çenli dowam edýär. Şu ýygnanyşygyň bütin dowamynda töwellaçylar sypanyň ýanynda durup, adamlaryň toba gelmekleri, heläk ediji baglylykdan azat bolmaklary we gulluga mesh edilmekleri üçin dileg edýärler.
Isanyň eden ýörişleri hem territoriýadaky ruhlar bilen söweşmeklige gönükdirilen usul bolup durýar. Derňew geçiriji bir adam şeýle diýipdir: «Hudaýy ýapyk gapylaryň aňyrsynda däl-de, köçelerde şöhratlandyrmaklyk Hudaýyň Öz dünýäsinde hökümdarlyk etme hukugyny tassyklaýar hem-de Onuň hökümdarlyk etme meýdanyny giňeldýär”.
Kali şäheri (Kolumbiýa) ruhy urşy öwrenme işinde ýene bir haýran ediji mysal bolup hyzmat edýär. Bu şäher bütin ýurtda ölüm, zorluk we neşekeşlik boýunça ýokary ýerde durýandygy bilen meşhur bolupdyr. 1998-nji ýylda otuz bäş müň adam zorluk edilmesi netijesinde gurban bolýar. 1999-njy ýylda munuň sany kyrk müňe daga ýeter diýlip çaklanylýar. Her üç adamyň biri partizançylyk urşunda pida boldy, galan iki bölegi bolsa, başga sebäpler boýunça ölýär. Ýaşlaryň ölümi has-da ýokary derejede bolupdyr. Kolumbiýadaky Powstanslar takmynan üç müň adamy girewine alyp otyr. Olar jenaýatçylykly işlerinden gelýän girdejileri otuz bäş ýyldan bäri döwletiň garşysyna alnyp barylýan urşa sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, bu zorluklaryň, neşekeşligiň we göreşleriň arasynda Isa Mesihiň Ýygnagy ösýär we berkeýär.
1962-nji ýylda doktor Billi Grem Kalide ýygnanyşyk geçirýär. Onuň kyrk ýyl mundan ozal Kaliniň stadionynda pygamberlik sözüni aýdandygyna mesihileriň hemmesi ynanýar. Şonda ol: «Men şu gün ertir oýanan wagtym, bir depäniň üstünde üç sany haç, beýlekisiniň üstünde bolsa, Patyşa Mesihiň duranyny gördüm. Men Kalide uly ruhy galkynyşyň boljagyna ynanýaryn” diýipdir.
Bilelikde edilýän dileg Kalidäki ýygnak ýolbaşçylarynyň maksady we agyr ýüki boldy. Kalide ilkinji denominasionara gije-gündizlik dileg ediliş 1995-nji ýylda döredildi. Şol gije mesihi şäher häkimi Isa Mesihi Kaliniň Rebbi diýip yglan etdi.
Kalidäki ýygnagyň ösüşi aklyňy haýran edýär. 1980-nji ýylda şäherde otuz sany ýygnak bardy. 1990-njy ýylda eýýäm iki ýüz elli boldy. 1999-njy ýylda bolsa, olaryň sany alty ýüze ýetdi. 1999-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda, Kaliniň dört ýüz sany ruhy çopany bile dileg etmek üçin ýene-de ýygnanyşýarlar. Şol wagt olar Hudaýdan we biri-birlerinden ötünç we ýaraşyk soradylar. Doktor Luis Buş bu şäherde bolup geçen üýtgeşmeler barada şunuň ýaly gürrüň berýär: «Biz bir tarapdan-a elhenç ogurlanmalar, beýleki bir tarapdan hem Isany öz Rebbi hem Halasgäri hökmünde kabul edip, gitdigiçe ösýän ýygnaklar baradaky gürrüňleri eşitdik.
Bir tarapdan ahlaksyzlygyň we azgynlygyň ösüş derejesini, beýleki tarapdan hem, adamlaryň durmuşyny bütinleý üýtgedýän Hoş Habaryň güýji bilen bolan duşuşyklar baradaky şaýatlyklary görmek bolýardy.
Bir tarapdan Kali neşe söwdasynyň esasy merkezi bolup durýar. Bu ýagdaý, esasan hem, neşe baronlary gozgalaňlaryň ýolbaşçylary bilen ylalaşyk baglanyşylanyndan soň has-da ösdi. Beýleki bir tarapdan hem, şäherdäki ruhy çopanlaryň arasynda ajaýyp hyzmatdaşlyk ruhy ösýär.
Bir tarapdan zorluk, beýleki bir tarapdan hem, Isa Mesihi öz Rebbi hem Halasgäri hökmünde kabul edenden soň, köp kolumbiýalylaryň alýan Hudaýyň parahatçylygy bar».
Doktor Buş öz sözüniň üstüni şeýle diýmek bilen doldurýar: «Men Kaliden ýaňyja gaýdyp gelen wagtym, Latyn Amerikasynda Hudaýyň Sözüniň wagyz edilmesiniň medeniýetara ylhamynyň dörändigini görüp, gaty begendim. Anna güni agşamy bize berlen ak patanyň özi boldy, sebäbi şäher we ýurt üçin dileg etmäge stadiona kyrk müňe golaý mesihi geldi. Ýer ýetmänligi sebäpli daşarda galan mesihiler hem köp boldy. Gijeki dileg ediliş wagtynda birnäçe adam irräk gitdi, şonda-da olaryň ýerlerini başgalar derrew eýeledi».
Bu mowzugy öwrenen wagtyňyzda ruhy uruş toparlarynyň ähmiýetine täzeden baha berme isleginiň döremegi mümkin. Bu taglymatyň belli bir derejede jedelli bolmagynyň mümkindigine düşünýäris. Şol bir wagtyň özünde-de, adamlary görünmeýän güýçleriň bagtygara pidasy hasaplap, bize adamzat günäsini aklamak gerek däl. Çünki olary hiç kim eden işleri üçin Hudaýyň öňünde çekmeli bolan ahlak jogapkärçiliginden mahrum etmedi. Biz öz wezipämizi munda görmeýäris. Biz şeýle hem, ruhy häkimleriň garşysyna söweşe çagyrmaýarys.
Şonda-da, biz özümiziň hem gatnaşýan ruhy urşumyzyň ähli inçe taraplaryna doly akyl ýetirmelidiris. Şeýle hem, söweşjeňlik bilen edilen dilegiň we ruhy baglylykdan azat bolmanyň gymmatyna düşünmelidiris. Biz indiki baplarda öz ygtyýarymyzda bolan kuwwatly ruhy ýaragy, şeýle hem, ony peýdaly ulanmanyň tärlerini ünslüje öwreneris.
Okkult dünýäsinden we beýleki päk bolmadyklaryň arasyndan Mesihe gelýän adamlar babatda nähili hereket etmelidigini biziň bilmegimiz gerekdir. Munuň ýaly adamlar hökmany suratda arassalanmaga mätäç bolýarlar.
Ýaşaýan sebitlerimiz we şäherlerimiz üçin edilýän söweşjeň dileg, Hudaýa hökümdarlyk edýän gara güýçleri paş edip, olary ýeňlişe sezewar etmegi üçin dileg eden wagtymyz hem wajypdyr. Şonda imansyz adamlara — ululara bolşy ýaly, çagalara-da — Hoş Habary eşitmäge päsgel berýän aklyň «ümüzlenmesi» hem aýrylyp gider. Bu zatlaryň hemmesi-de, biziň Hoş Habary gowy wagyz edip bilmegimiz üçin gerekdir.
Ýöne şu döwürde ruhy uruş dileg etmek arkaly şeýtanyň we arwah-jynlaryň galasyna edilen gönüden-göni çozuşdyr diýen pikir höküm sürýär. Aslynda, ruhy uruş diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň planlaryna we maksatlaryna laýyk gelýän islendik hereketi öz içine alýar. Biziň şeýtanyň garşysyna täsirli ulanyp biljek ýaraglarymyzyň, ine, birnäçesi:
• Töwellaçylyk (Işaýa 62:6–7);
• Öwgi we sežde etme (Şamuweliň 2-nji kitaby 20:21–22; Mezmur 68:1–36);
• Hudaýy janyňdan-da artyk söýmek (Ylham 12:11);
• Oraza (Işaýa 58:6);
• Hudaýa ýakynlyk (Mezmur 84:1–4);
• Garşy durma (Ýakup 4:7);
• Gudratlar we alamatlar görkezip Hoş Habary şahsy wagyz etme (Resullaryň işleri 16:16–40).
Biziň alyp barýan urşumyzyň ruhy uruş bolanlygy sebäpli, bu uruşda ulanýan ýaragymyz hem ruhy bolmalydyr.
Rollarda türgenleşmek
Siz gatnaşýan toparyňyzda dileg edýärsiňiz. Birden oturanlaryň arasynda biri jyn eýelän adam bolup çykýar. Siz näme edersiňiz? Şol betbagty boşadyp çykyp gitmegini şeýtandan uzak wagtlap talap edip durmakçymy?
Eger bu meseläni özüňiz çözüp bilmeseňiz, onda kimi kömege çagyrarsyňyz? Pidanyň arwahdan doly saplanmagy üçin göreşeniňe degýärmi?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz ruhy urşuň çynlakaýlygyna doly akyl ýetirýärmisiňiz? Bu meselä düşüniş derejesini beýgeltmek üçin siz we siziň toparyňyz näme edip bilersiňiz?
2. Siz öz sebitleriňizde näçe sany şeýtançynyň bardygyny bilýärsiňiz? Siziň gatnaşýan toparyňyzyň beýleki agzalary-da olar barada bilýärlermi? Bu maglumat siziň bilelikde dileg etme durmuşyňyzy nädip üýtgedip biler?
3. Mesihide şeýtanyň güýjünden gorkmagyna esas barmy?
Teklip:
Indiki bölüme geçmezden ozal Efeslilere hatyň 6-njy babyny okaň.
IV-NJI BÖLÜM
Mümkinçilikler we resurslar
12-nji bap
HUDAÝYŇ ÄHLI ÝARAGLARY
Efesliler 6:11
Söweş meýdanynda bir äpet adam durdy. Onuň boýy on futdy. Ol Hudaýyň halkynyň üstüne haýbat baryny ýagdyrýardy. Ol Hudaýyň üstünden gülýärdi.
— Goý, siziň biriňiz meniň garşyma çyksyn. Eger men ony ýeňsem, siz bize hyzmat edersiňiz. Eger ol ýeňse, biz siziň guluňyz bolarys, — diýip, ol paňlaýar.
Golýatyň özi ýa-da güýji gorkunç däldi-de, şu uruşda ýeňiläýen ýagdaýda Ysraýyla garaşýan ykbal gorkunçdy. Bu uruş ysraýyl halky ýa-ha doly ýeňiş bilen, ýa-da doly ýeňliş bilen gutarmalydy. Munuň üstesine-de, duşman Hudaýyň üstünden gülýärdi. Bu söweş butparaz hudaýlary bilen Ysraýylyň Hudaýyň arasyndaky ýaryş bolmalydy.
Merdana Dawut bu läheňiň garşysyna çykma kararyna geldi. Ýaş esgeriň fiziki taýdan ejizdigine ynamly bolan Şawul patyşa Dawudyň öz harby enjamlaryny dakynmagyny aýdyp, diýenini tutdy durdy. Ýöne Dawut öňde duran ruhy urşuň görnüp duran hudaýdan köp derejede wajyp boljakdygyny bilýärdi. Onuň halas bolmasy belent derejdäki ýarag däl-de, diňe Hudaýa bolan ynam bolup biljekdi. Dawut Hudaýyň adyndan çykdy, äpet adam hem jan berip ýykyldy.
Biziň köpimiziň ünsümiz fiziki ýagdaýlarda şeýle bir güýçli jemlenen welin, öňümizde duran has çynlakaýrak ruhy kynçylyklary we meseleleri görmeýäris. Biz günümizi dolandyrmak üçin güýjümizde baryny edýäris. Biz tükeniksiz işden we gullukdan ýaňa surnukýarys. Göze görnüp duran dünýä bizi gorkuzýar-da, uly basyş edýär, şonuň üçin hem biz duşmany — äpet adamy ýok etme mümkinçiligini elimizden sypdyrýarys. Netijede, ol aýagy bilen bokurdagymyza basyp, gymyldamaga goýmaýar.
Biziň duşmany ýeňip, Öz Patyşalygy üçin beýik ýeňşi gazanarymyz ýaly, Hudaý bizi hyzmatkär esgerleri hökmünde ruhy ýaraglary we ähli resurslary bilen doly üpjün edýär.
Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň (Efesliler 6:13, sözleriň aşagyny özüm çyzdym. — P.E.).
Öz ýolumyzda duş gelýän islendik ýagdaýlarda berk durup bilerimiz ýaly, Hudaýyň üpjün eden ýaraglarynyň hemmesini dakymmagy Pawlus täze iman eden mesihilere nesihat berýär. Beden ýaralarynyň ajy köke öwrülip, jany berbat etmezi ýaly, Hudaý Öz ýaraglarynyň hemmesini aklyň we janyň goragçysy hem-de goldawy bolmaklyga niýetledi.
Pawlus Efeslilere ýazan hatynda (6:10–18) ruhy urşy alyp bararymyz ýaly, biziň ygtyýarymyzda bolan resurslar barada nusgawy taglymat galdyrdy. 14-nji aýatda Pawlus deňeşdirmek üçin rim esgeriniň geýimlerini görkezip, ruhy ýaraglaryň bölekleri barada jikme-jik gürrüň berýär.
Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň Sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň. Her hili doga we dileg bilen hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň (Efesliler 6:14–18).
Ýaraglaryň käbirlerini (köwüş we gylyç ýalylaryny) hüjüm etmek üçin hem ulanyp boljakdygyna garamazdan, Hudaýyň ruhy ýaraglarynyň goranyş herekete eýedigini biz şu parçadan görýäris. Birneme soňrak biz ýaraglaryň şol iki hüjüm ediji görnüşlerini takykrak öwreneris.
1. Hakykat guşagy
Esgeriň inli gaýyş guşagyna onuň ýaragy berkidilipdir. Gowy edilip guşalan guşak geýinmäniň oňaýly hem ynamdar elementi bolupdyr. Guşakga şeýle hem, gylyçdyr hanjaryň gyny hem berkidilipdir. Guşak ýaragy belli bir ýerde we almaga oňaýly bolar ýaly edip goýmaklyga kömek edýär.
Hakykat biziň ruhy durmuşymyzdaky ähli zatlary kesgitleýär. Hakykaty bilmezden nämäniň çyndygyna, nämäniň ýalandygyna düşünmek mümkin däldir. Özümiziň hemişe alyp barýan ruhy urşumyzda biz Hakykatyň Özi bolan Mesihi «geýýäris» (Ýahýa 14:6 seret). Guşagyň ulanylyşy şeýle. Biz Hakykat bolan Isa Mesihiň Özüni geýnenimizde, Mesihi, ýagny Hakykaty yglan edip gezip, gürläp we «söweşip» bilýäris.
Başga bir tejribe derejesinde guşak faktlar ýüze çykandan soň hakykaty gözleme işinden has ýokarrak zat bolup durýar. Mesihiň Hudaýyň ýaraglaryny dakynan esgeri hakykaty tapmak üçin öz ters pikirlerini ýeňmeklige taýýar bolmalydyr. Ol esassyz pikirlere özüni oýnadyp, şol pikirlere başgaça düşünmäge we zerur bolan wagty öz nukdaý-nazary üýtgetmäge mümkinçilik bermeýän şahsy tekepbirligi bilen göreşmelidir.
Hakykat Guşagyny dakynmaklyk adamyň bütin tebigatynyň bir bütewilige birleşmegini aňladýar. Hakykat Guşagy şahsy betbagtlygyňa, ejizligiňe we günä etme meýliňe akyl ýetirmelidigini düşündirýär (Matta 7:4; 15:19 seret). Dawut patyşa: «Ine, Sen ýürekde hakykat isleýärsiň, içimde maňa akyldarlyk öwredýärsiň» (Zebur 51:6) diýýär. Şonuň üçin hyzmatkär esger, kiçigöwünlik gözleginde we dogrulyga ajygyp suwsamakda Hudaýa ýüzlenip, hemişe kaýyl ruhly bolmaga jan etmelidir.
Hakykat şeýtanyň özüne, ýagny ýalanyň atasyna garşy durýandyr. Ol özüniň How enä ýüzlenmesinde Hudaýyň dogrulygyny şübhe astyna saldy. Hudaýyň hakykatyny bilip, oňa laýyklykda hereket etsek, ol bizi halas edýär (Ýahýa 8:32 seret). Ine, Isa Mattanyň Hoş Habaryndaky Özüniň Dagdaky Wagzyny Öz sözlerini diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, eýsem ýerine ýetirmekligi hem nesihat bermek bilen jemleýär. Hakykaty eşidip, ol boýunça ýaşanymyzda, öz ynamymyzy berk esasyň üstünde gurýarys.
Isa hakykatdyr. Hakykat biziň tarapymyzdadyr. Hakykat duşmanyň ýalanyny ýeňýändir. Öz ýüregiňizi Hakykatdan dolduryp, Onda boluň.
2. Dogrulyk sowudy
Rim imperiýasynyň esgeriniň dakynýan sowudy onuň wajyp bolan içki organlaryny we bedeniniň bölegini goramaga niýetlenilipdir. Adatça sowut saýlama deriniň gatan plastinkalaryndan, maýdalanan bürünçden ýa-da iki materialdan hem garyşdyrylyp taýýarlanylypdyr. Sowudyň ýüzüne esgeriň harby derejesi bilen ýurdunyň gerbi çekilipdir. Sowut esgeriň döşüni we garnyny ýapyp durupdyr. Onuň arkasy bolsa açyk bolupdyr. Şeýle etmek bilen esgeriň duşmanyň öňünde öz arkasyny açyp gaçmagy däl-de, onuň bilen ýüzbe-ýüz durmagy göz öňünde tutulypdyr. Özümiziň göze görünmeýän duşman bilen söweşýändigimiz üçin biziň hemişe ýaraglaryň hemmesini dakynyp ýörmegimiz gerekdir. Biziň dakynýan sowudymyz metaldan ýasalmandyr-da, diri Hudaýyň Ruhy tarapyndan ýasalypdyr, şonuň üçin hem biziň içki «menimize» gaty gowy gelişýär. Biziň dogrulygymyz metal bilen örtülmedi. Ol gündelik durmuşymyzyň islendik ýagdaýynda-da her bir adamyň görüp bileri ýaly edilip, bize Mesih tarapyndan berildi.
Duşman bize öz ýalňyşlyklarymyzy we ýetmezçiliklerimizi görkezýär. Hudaýyň çagalary bolmaklyga özümiziň mynasyp däldigimize ol bizi ynandyrmaga jan edýär. Ol diýseň mamladyr. Ýöne biziň Hudaý bilen aragatnaşyklarymyz öz dogrulygymyza däl-de, Isanyň Hudaýyň öňündäki hemme taraplaýyn dogrulygyna esaslanýar. Biziň günälerimiz satyn alyndy. Hudaý bize seredende, Isany görýär.
3. Parahatlyk köwşi
Parahatçylyga bolan ymtylyş edil dünýäniň özi ýaly könedir, säherki çyg kimin terdir. Biziň dünýämizde Mesih gelmezinden birnäçe ýüzýyllyklar öňünden Işaýa pygamber: «Parahatlyk Hoş Habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap…» (Işaýa 52:7) diýýär.
Ýewreý pygamberleri Hudaý tarapyndan Halasgäriň geljekdigini welilik edip aýdanlarynda, beýleki atlar bilen birlikde Ony «dünýäniň Şasy» diýip hem atlandyrdylar. Halasgär doglan wagty perişdeleriň hory çopanlara: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun» (Luka 2:14) diýip yglan etdi.
Şonuň üçin, Pawlusyň Hudaýyň dakynmaga berýän ýaraglarynyň arasyna dünýä Hoş Habary wagyz etme taýýarlygyny goşmagy geň galarlykly zat däldir. Biz Hudaýyň parahatçylyk dörediji adamlary hökmünde, dünýä weýrançylyk däl-de, parahatlyk getirmek üçin aýagymyza islendik ýagdaýlara tarap gitme ukybyny geýýäris. Mesih Hudaý bilen ýaraşan adamlary duşmançylyga däl-de, öz aralarynda gatnaşyk saklamaga çalyşmaklyga çagyrýar (Ýewreýler 12:2 seret). Şonuň üçin biz Hudaý özümizi parahatlyk, bagyşlama we umyt habary bilen nirä iberse, şol ýere hem gitmäge taýýardygymyzy görkezmelidiris. Belki-de, bizi dowzahyň derwezeleriniň ýanyna goýbererler, çünki ol bize täsirini ýetirip bilmeýär (Matta 16:18 seret). Hut şu manyda hem biz parahatçylyk ugrunda söweşmelidiris.
Şeýlelikde, biziň durmuşymyz Hoş Habara gönükdirilýär. Hoş Habary wagyz etmäni öwreniň. Hoş Habaryň öz durmuşyňyzda eden zatlaryna akyl ýetiriň. Hoş Habaryň beýleki adamlara näme kömek edip biljekdigi barada pikirleniň. Hudaýdan Hoş Habary wagyz etme mümkinçiligini bermegini haýyş edip soraň. Bu mümkinçiligi elden sypdyrmaň. Ondan peýdalanmaga taýýar boluň.
4. Iman galkany
Rim esgeriniň galkany goranmak üçin niýetlenen bolup, hemişe diýen ýaly, gylyç bilen bilelikde ulanylypdyr. Ol duşmanyň urgularyny yzyna gaýtarmak üçin gerek bolupdyr. Urgy yzyna gaýtarylan wagtda esgeriň özi hem gylyç bilen hüjüm edipdir. Biziň imanymyz rim esgeriniň galkany ýalydyr. Imanymyz duşmanyň adam akly we bedeni üçin çekerden çökder gelýän örän güýçli hüjümlerini yzyna gaýtarmaga we olaryň hötdesinden gelmäge mümkinçilik berýän ruhy ýaragdyr.
Iman galkany üç sany esasy wezipäni ýerine ýetirýär:
• Gutulyş imany — Hudaýa bolan içki ynamlylyk;
• Bize hyzmat edýän we hyzmata ruhlandyrýan iman;
• Gündelik durmuşymyzda Hudaýyň güýjüne eýe bolan mukaddes ediji iman.
Duşmanyň ody astyna düşenimizde, Hudaýa bolan ynamymyzdan gorag gözleýäris. Ýagdaýlaryň we wakalaryň özüňize al salmagyna ýol bermäň. Görnüş bilen däl-de, iman bilen geziň. Hudaýyň özüňizi eýýäm ýeňiş bilen üpjün edendigine ynamly boluň. Öz durmuşyňyzy Onuň wepalylygyna ynanyň. Oňa ynanyň, Ol hem sizi halas eder.
5. Gutulyş Tuwulgasy
Pawlus Selaniklilere ýazan birinji hatynda Gutulyş Tuwulgasy barada gürrüň edende: «Gündize degişli bolan biz bolsa… kellämize tuwulga hökmünde gutulyş umydyny geýnip hüşgär bolalyň» (5:8) diýýär.
Esgeriň arzuw edip biläýjek iň gowy ýaragy — bu görünmeýän ýaragdyr. Hudaýyň gutulyşynyň bakylyk tebigatynyň bardygyny bilen Pawlus, hyzmatkär esgerleri bu dünýädäki ýaşaýyş däl-de, (iman bilen) gökdäki ýaşaýyş umydyny geýinmeklige çagyrýar. Ölüm gorkusy bolmadyk esgerler! Göz öňüne getirip görüň, nähili kuwwatly güýç!
Hudaý Gutulyş Tuwulgasyny biziň aklymyzy goramak üçin hem niýetledi. Gutulyş babatdaky şübheleri duşman biziň üstümize ýagdyryp başlanda, bu tuwulga biziň ygtybarly goragçymyz bolýar.
Siz Hudaýyň söýgüli perzendisiňiz. Sizi Onuň Özi gulçulykdan satyn aldy. Ol duşmanyň sizi ýeňmegine ýol bermez. Eger Hudaý bilen gatnaşykda bolsaňyz, siz doly howpsuzlykda bolarsyňyz. Siziň içiňizdäki güýç duşmanyň güýjünden has kuwwatlydyr. Hiç hili şübhäniň gelmegine ýol bermäň. Rebde berk we ynamly duruň.
Efeslilere hatyň 6-njy babynda sanalyp geçilen Hudaýyň ýaraglarynyň ikisi ruhy taýdan hüjüm ediji ýaraglaryň wajyp görnüşi bolup durýar. Geliň, olara takyk seredip geçeliň.
1. Ruhuň Gylyjy
Mukaddes Ýazgy Hudaýyň bize niýetlenen Sözüdir. Ony mümkin boldugyça gowy bilmäge jan ediň. Onda hakykat, ynamlylyk we teselli bardyr. Şol Sözden özüňize sapak alyň. Goý, Hudaý Mukaddes Ýazgynyň üsti bilen siziň ýüregiňize ýüzlensin. Goý, Onuň Sözi özüňiz üçin hakykaty açmaga, duşmanyň ýalanynyň üstüni açmaga, ruhy taýdan aldanmalara garşy durmaga, günäni kabul etmezlige kömek etsin. Bu Sözi beýleki adamlary Hudaýyň söýgüsine we bagyşlamasyna ynandyrmak üçin ulanyň. Ruhuň Gylyjy Ruh tarapyndan ruhlandyrylan aýatlar ýa-da duşman bilen söweşmek üçin bize açylan hakykat sözleri bolup durýandyr. Isany şeýtan üç gezek synaga saljak bolup synanyşanda, Ol hut şunuň ýaly edip, ýagny Mukaddes Ruhuň Sözüni ulanyp onuň hötdesinden geldi.
2. Dileg
Dawudyň Golýat bilen bolan söweşi sapandan daş atylyp giden wagty ýeňiş bilen gutarmady. Dawut diri Hudaý bilen edýän aragatnaşyklarynyň arkasyndan ýeňiş gazandy. Biziň alyp barýan söweşimizdäki ýeňiş ýa-da ýeňliş özümiziň Hudaýyň öňünde gezişimize baglydyr. Dileg — bu Hudaý bilen gepleşikdir. Dileg wagtynda siz Hudaýa, Hudaý hem size ýüzlenýär. Dileg tümlügiň ruhy güýçlerine garşy durmakdyr. Dileg — bu dünýädäki wakalary we ýagdaýlary gudrat bilen üýtgedýär. Dileg biz entek söweşe başlamankak, Hudaýyň eýýäm ýeňiş gazanandygynyň tassyklamasy bolup durýandyr.
Dileg — Hudaýyň öňünde diňe bir dyz epip oturmakdan ýokary bir zatdyr. Dileg gatnaşyk bilen hereketiň deň derejesi bolup durýandyr. Dileg — bu Hudaýyň barlygynda hemişe we yzygider bolmaklykdyr. Dileg — bu Onuň gönükdirmesine giňden açyk duran ýürekdir. Dileg Hudaý bilen yzygiderli edilýän gürrüňdeşlikdir, sebäbi Isanyň ýerdäki işini jemlemek üçin diňe dileg zerurdyr.
Biziň Hudaýyň ähli ýaraglaryny ulanmagy, ýagny «doly ýaraglanmagy» Mukaddes Kitap diýseň düşnükli buýruk berýär. Adatça ýaraglanmanyň esasy görnüşlerini edinmek doly derejede ýeterlikdir diýip, biz pikir edýäris. Ýöne onuň hiç bolmanda ýekeje bölegi ýetmezçilik edýän bolsa-da, bizde ejiz ýer peýda bolar. Şol ýeri şeýtan hem nyşana alyp, urgusyny urup, bize zeper ýetirip biler. Netijede, biz hem ynamymyzy ýitirip, berk durup bilmeris (1 Petrus 5:8 seret).
Mukaddes Kitabyň iňlis diline edilen täze terjimesinde bu barada şeýle diýilýär: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň». Soň hem şeýle: «Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň» (Efesliler 6:11–13, aşagyny özüm çyzyp belledim — P. E).
Hudaýyň «ähli ýaraglary» diýen düşünje nämäni aňladýar? Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki täze terjimesi şeýle diýýär: «Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize Hudaýyň dogrulyk sowudyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň Sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň. Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhuň güýjünde doga ediň. Şu maksat bilen bütin ýer ýüzündäki mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň (Efesliler 6:14–18, aşagyny özüm çyzyp belledim — P. E.).
Bize bu sözleriň üstünde pikirlenmek gerek. Biz pikirlerimizde we edýän işlerimizde hemişe hakykatda ýaşaýarysmy ýa-da bu babatda özümiziň aldanmagymyza ýol berip, beýlekileri hem aldaýarysmy? Biz özümizi Hudaýyň dogrulygy bilen örtýärismi ýa-da şahsy düzgünlerimiz boýunça ýaşaýarysmy? Biz özümiziň gutulandygymyza bolan ynam bilen parahatçylykda ýaşaýarysmy? Biz işjeň parahatçylyk getirijiler bolmaga taýýarmy? Biz iman bilen hereket edýärismi ýa-da gorky bilen?
Biz Hudaýyň sözlerini ulanýarysmy ýa-da öz sözlerimizi? Biz Mukaddes Ruhuň güýjünde dileg edýärismi ýa-da dileglerimiz ýüzleý hem egoistikmi? Biz töweregimizdäki söweş meýdanlarynda bolýan zatlary duýýarysmy ýa-da başga bir zatlara üns berýrismi? Biz beýleki mesihiler üçin edýän dileglerimizde tutanýerlimi? Beýleki mesihiler hem özümiz bilen bile söweşer ýaly we özleriniň ýeke däldiklerini biler ýaly, olary Ruhuň güýjünde berkidip, ýerlerinden turuzyp, ruhlandyrýarysmy?
Eger durmuşymyzdaky şu ugurlaryň hiç bolmanda ýekejesi ejiz bolsa-da, şol ejiz ýerimizi berkitmegimiz gerek. Şol ejiz ýerimiziň hem ygtybarly bolmagy, Hudaýyň buýruklaryna gulak asyjy bolmagymyz, ýamanlygyň güýçleriniň üstünden ýeňiş gazanmagymyz üçin elimizde baryny etmelidiris.
Rollarda türgenleşmek:
Öz toparyňyzda rim esgeriniň ýaraglaryň hemme böleklerini dakynyş ýagdaýyny sahnalaşdyryň-da, esgeriň olary ulanyşyny janlandyryp görkeziň. Bölekleriň islendik biriniň bolmadyk ýagdaýynda ejiz bolýandygyňyzy oýnuňyzda görkeziň. Hemmäňiz bilelikde ruhy ýaragyň her bir görnüşiniň ulanyş giňişligini ulaldyň. Öz gatnaşýan toparyňyzyň we ýygnagyňyzyň ruhy mätäçlikleri üçin dileg etmeklige wagt goýuň. Şeýle hem, bütin dünýädäki yzarlanylýan ýygnaklardaky mesihileri-de ýatlaň.
Şahsy ýumuşlar:
1. Şamuweliň 1-nji Kitabynyň 17-nji babyny okaň we ruhy urşy alyp barmanyň şu kitapda gabat gelýän düzgünlerini sanaň.
2. Efeslilere hatyň 6-njy babynda gürrüňi edilýän Hudaýyň ýaraglarynyň her bir elementini Dawudyň nädip ulanandygy barada bilelikde gürrüň ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hudaýyň ýaraglarynyň her bir elementini öz durmuşyňyzda nädip ulanýandygyňyzy gürrüň beriň.
2. Durmuşda Hudaýyň ýaraglaryny ulanýandygymyza nädip ynamly bolup bolar?
3. (Harby enjamlaryň we rim esgeriniň ýaragyndan başga) Häzirki zaman medeniýetinden alnan haýsy keşbi ruhy goragy we ruhy uruşda güýç görkezmäni düşündirmek üçin ulanyp bolar?
Mysal üçin, Hindistanda mesihiler güýçli urgy etmäge taýýar bolan kriketçininiň keşbini teklip edýärler. Kanadada özüne tarap güýçli tizlik bilen uçup gelýän şaýbany tutmaga taýýar bolan hokkeý komandasynyň derwezeçisini ulanýarlar. Ýaponiýada bu keşp özüni oýun wagtynda goraýan eşik geýen beýsbolça berlipdir.
4. Şu babyň soňunda teklip edilen soraglara jogap beriň.
13-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: MUKADDES RUH
Luka 11:13
Eger mesihiler öz durmuşyndaky hemme synaglary Hudaýyň öňünden taýýarlap goýandygyna ynanmasalar, onda olaryň duşmançylykly ýagdaýlaryň tersine gidip, Mesihdäki doly durmuşda ýaşamaga edýän synanyşyklarynyň soňunyň erbet gutarmagy mümkin. Entek zamanlar başlanmazyndan öň bakylyk Hudaýy duşmanyň biziň garşymyza meýilleşdiren hüjümleriniň hemmesi barada bilýärdi. Şonuiň üçin hem, Ol bizi öňünden ýeňiş gazanma mümkinçilikleri bilen üpjün etdi. Öňki bapda biziň islendik ýagdaýlarda durup bilmegimiz üçin Hudaýyň özümizi üpjün eden goranma ýaraglarynyň dürli görnüşlerine seredip geçdik. Indiki üç bapda bolsa, şeýtanyň ýeňmek üçin Hudaýyň Öz Ýygnagyna beren hüjüm ediji ýaraglaryny öwreneris. Olar Mukaddes Ruh, Mukaddes Kitap we dilegdir.
Ýygnagyň bütin taryhynyň dowamynda bolan esasy özenleriň biri-de Üçbirlik taglymaty bolupdy. Mukaddes Kitabyň diri Hudaýy ýeke-täk Hudaýdyr. Ýöne Ol Özüni bize üç şahsyýetde: Ata Hudaýyň, biziň Isa Mesih diýip atlandyrýanymyz Ogul Hudaýyň, Mukaddes Ruh Hudaýyň şahsyýetinde açdy. Gürrüňsiz wajyp bolan bu taglymata adam akly bilen düşünmek mümkin däl, ýöne iman bilen ynanmak mümkindir.
Bu taglymata hiç haçan hem düşünmedik, hatda ol barada hiç zat hem bilmedik, şeýle-de bolsa, Üçbirlikdäki Hudaýyň özlerine galtaşmasyny başdan geçiren köp mesihileriň barlygy aklyňy haýran edýär.
Imanly adamlaryň aglaba bölegi Ata Hudaýy älem-jahanyň Hökümdary we gökdäki baky bolan keramatly Güýç hökmünde ykrar edýärler. Älem-jahanyň Hudaýynyň Özüni Sözde (Mukaddes Kitapda), soň bolsa, pajygaly usulda biziň Halasgärimiziň (Isa Mesihiň) fiziki tende dünýä gelmesinde we Mukaddes Ruhuň üsti bilen has çuň şahsy derejede açandygy baradaky fakt mesihileriň arasynda umumy ykrar edilen hasaplanylýar.
Mesihiler Üçbirligiň üçünji Şahsyýetini beýleki iki Şahsyýetlerinden az bilýän ýaly görünýär. Ýöne Mukaddes Kitaba laýyklykda diňe Mukaddes Ruh biziň Mesihde ýaşamaklyga edýän synanyşyklarymyza ýardam berýär. Isa Mesihi öz Rebbimiz bolmaklyga çagyranymyzda, Mukaddes Ruh ýüregimize girýär-de, bagyş etme durmuşynda ýaşamagymyza mümkinçilik berip, içimizde ýaşap başlaýar.
Mukaddes Ruhuň şahsyýeti we işleri baradaky düşünjäniň bolmazlygyny we taglymatyň düşündirilmänliginiň sebäbini esasy iki ýalňyşlyk bilen düşündirip bolar. Birinjiden, Isa Mesihiň Mukaddes Ruhuň Özüni «şöhratlandyrjakdygy» (Ýahýa 16:14) barada aýdan sözleri, Ruh tarapyndan ruhlandyrylan taglymatyň esasy mowzugynyň Mesihiň Özi boljakdygyny aňladýar diýip hasaplaýan adamlar hem bar. Şonuň üçin munuň ýaly adamlar Mukaddes Ruha akyl ýetirip bilmeýärler. Munda olaryň Ýazgynyň hakykatyna ýüregi bilen eýerme islegi görünýär. Ýöne olar beýle etmek bilen Täze Ähtdäki Mukaddes Ruhuň şahsyýetine we maksatlaryna salgylanmalaryň köpüsini nazaryndan sypdyrýarlar. Täze Äht ýazarlary şu hatlary ýazanlarynda Mukaddes Ruh tarapyndan ruhlandyrylypmydy? Elbetde. Mukaddes Ruh biziň Özüne düşünmegimizi, Mesihi şöhratlandyrýan Ýygnakdaky Özüniň edýän hyzmatlaryna akyl ýetirmegimizi isleýär diýen netijä gelmek bolar. Mundan başga-da, mesihiler Mukaddes Ruhuň özleri üçin edip biljek işlerine düşünip başlanynda, Mesihi şöhratlandyrjak durmuşda ýaşamaklyk özlerine has aňsat bolar.
Mesihiligi öwretmekde Mukaddes Ruhuň şahsyýetine we işlerine bolmalysy ýaly ünsüň berilmeýändiginiň ikinji sebäbi, Mukaddes Ruhuň gullugynyň diýseň joşgunly we öňünden aýdyp bolmaýan hereket ýaly bolup görünmeginiň mümkinliginde jemlenendir. Resullaryň işleri kitabynyň berýän gürrüňlerine esaslanyp, biz Mukaddes Ruh hemişe belli bir kada boýunça hereket etmeýär diýen netijä gelip bileris. Ol biziň göwnümize birmeňzeş ýaly bolup görünýän ýagdaýlara her dürli garaýar. Hereketleriň munuň ýaly yzygider däldiginde Mukaddes Ruhuň etjek hereketini öňünden aýtmak mümkin däl. Şonuň üçin, adaty ýygnaklarda Onuň hereketlerini hemişe hasaba alyp durmaýarlar.
Isa bizi ýalňyz goýmajagyny, özümiz bilen hemişelik boljak Göwünlik Berijini kömek etmek üçin goýberjekdigini aýdypdy (Ýahýa 14:16–18 seret). Ol şeýle hem, Mukaddes Ruhuň bize öwretjekdigini-de aýdypdy (Ýahýa 14:26 seret). Soň Isa Mukaddes Ruhy hakykat Ruhy diýip atlandyrdy (Ýahýa 14:17 seret). Mukaddes Ruh imanly adamyň durmuşynda şeýle bir hakyky welin, hatda Onuň ýerine ýetirýän işlerini we alamatlaryny sanamak-da peýdaly bolardy:
• Ol biziň mirasymyzyň girewidir (Efesliler 1:14);
• Ol bize göwünlik berýär (Ýahýa 14:16);
• Ol dünýäni paş edýär (Ýahýa 16:8);
• Ol öwredýär (Ýahýa 14:26);
• Ol ýatladýar (Ýahýa 14:26);
• Ol Isa şaýatlyk edýär (Ýahýa 15:26);
• Ol hakykata tarap ýol görkezýär (Ýahýa 16:13; Riml 8:14);
• Ol Isadan alyp, bize habar berýär (Ýahýa 16:14; Luka 2:26);
• Ol Mesihi şöhratlandyrýar (Ýahýa 16:14);
• Ol bize güýç berýär (Resul işl. 1:8);
• Ol biziň üstümiz bilen gürleýär (Resul. işl. 4:31);
• Ol bize gürleýär (Ýahýa 16:13);
• Ol bizde şaýatlyk edýär (Riml. 8:16);
• Ol bizi berkidýär (Riml. 8:26);
• Ol biziň üçin töwellaçylyk edýär (Riml. 8:26);
• Ol ruhy sylaglary berýär (1 Korint. 12:4–11);
• Ol täzeleýär (Titus 3:5);
• Ol wada möhürini goýýar (Efes. 1:13);
• Ol bizde Öz miwelerini öndürýär (Galat. 5:22).
Şu getirilen sanawdan giň ýaýran ýalňyşlyklardan we Mukaddes Ruhy äsgermezlik etmekden özümiziň gaça durmagymyzyň gerekdigi görnüp dur. Bu bir tarapdan. Ikinji bir tarapdan emosional duýgularyň çeşmesi hökmünde Oňa ýüzlenmekden hem gaça durmalydyrys. Mesihiniň özüniň duşmançylykly ýagdaýdagyna ýa-da däldigine garamazdan, durmuşynda Mukaddes Ruhuň işleriniň amala aşýandygyny görmegi hemme taraplaýyn zerurdyr.
Ýokarda agzalyp geçilen Mukaddes Ruhuň işleri we häsiýetleri bolmasa, onda biz günäli dünýä hiç zat hem teklip edip bilmeris. Oňa näme-de bolsa, bir zat teklip etmäge güýjümizem ýetmez. Özümiziň Mukaddes Ruhuň islegi boýunça hereket edýändigimizi hemme adamyň aýtmagy üçin her bir mesihi Mukaddes Ruhuň hemme zady öz içine alýan ugrukdyrmasynda ýaşamaklygy öz öňünde maksat edinip goýmalydyr (Galatýalylar 5:25 seret). Pawlus galatýaly imanlylara öz durmuşlarynyň Hudaýyň keramatyndan, Mesihde ýokardan dogulmasyndan başlanandygyny, munuň ýaly durmuşyň diňe Hudaýyň kömegi bilen dowam etjegine garaşmalydygyny aýdýar. Bu mätäçlik, ylaýta-da, azar berilme we yzarlanylma şertlerinde göze gowy ilýändir. Mukaddes Ruhuň edýän işleriniň bu sanawyny, belki kyn ýagdaýa düşenimizde, Özünden nämä garaşmagyň mümkindigini ýatda saklamak we bilmek üçin hakydaňda saklanyňa degýändir.
Bir gezek biziň guramamyzyň Hytaýdaky işgäri serhetde özüne prowokasion soraglary berip başlanlarynda, töwekgelçilikli ýagdaýa düşüpdir. Ol näme jogap berjegini bilmändir. Şonda ol zerur bolan ýagdaýynda özüne gerek bolan sözleri Mukaddes Ruhuň berjekdigi baradaky Mukaddes Kitap wadasyny ýatlaýar. Ol birnäçe sekuntlyk aljyraňňylykdan soň, gürrüňi başga tarapa sowmak üçin Hytaýda bolan wakadan alnan bir fakty ýatlaýar. Birneme wagt geçenden soň, ol Hytaýyň taryhynda bolan zatlaryň bu takyklyklary barada ozal haçan hem bolsa bir wagt eşidendiginiň asla ýadyna düşmeýändigini gürrüň berdi. Mukaddes Ruh onuň diline halas ediji bolan bu sözleri berdi!
Mukaddes Kitabyň: «Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjegine ynamym bar» (Filipililer 1:6) diýip öwredýän zadyny ýatda saklaň. Bu, eger biz imanly adam bolsak, onda Mukaddes Ruhuň özümizde işjeň hereket etjekdigini aňladýar. Onuň edýän zatlaryna siz akyl ýetirýärsiňizmi?
Mukaddes Ruhuň edýän işleriniň hemmesiniň ýygnak ýolbaşçylary üçin näderejede wajyplygyna üns beriň. Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy astynda ýolbaşçylyk etmeklik ýygnak kyn ýagdaýa düşende has-da wajypdyr. Ýygnaga ýolbaşçylyk etmäniň Günbatarda kabul edilen görnüşi we bütin ýygnagyň işini bir adamyň dolandyrmagy, repressiw režimli şertlerde ulanylyp bilinjek zat däldir. Birinjiden, ýygnaga beýle ýolbaşçylyk etmeklik Mukaddes Kitap düzgünlerine esaslanýan däldir. Ikinjiden, ýolbaşçylyk edýän adamy aýryp, ýygnagyň işjeň durmuşyna päsgel bermek häkimiýete aňsat bolar.
Ruhy çopanyň we mugallymyň ýolbaşçylyk stili ýygnagyň hereket edýän režim bilen bilelikde ýaşama, oňa garşy bolma ýa-da gizlinlige gitme kararyna gelmegine bagly bolman üýtgemelidir. Hereket edýän režim bilen bilelikde ýaşaýan, hatda garşy bolýan ýygnak hem ruhy çopan edinip biler. Ýöne bu ruhy çopanlaryň işi hemişe syn astynda bolar.
Ruhy çopanlar häkimiýetiň üns merkezinde galyp biler. Ýöne ýygnagyň adaty agzalary syrkawlara seretmek, ýaşlary we täze iman eden mesihileri okatmak borjuny öz üstlerine alyp bilerler. Ruhy çopan öz ýygnagyna gelýän adamlar bilen arkaýyn duşuşyp, olara teselli berip, ruhlandyryp we öwüt-nesihat berip bilmeýär. Beýle bolsa, ýygnagyň beýleki agzalary öz doganlarynyň şunuň ýaly talaplaryny kanagatlandyryp bilermi? Eger Mukaddes Ruh özüni Hudaýyň işine bagyş eden adamlary tapyp, olary Özi bilen dolduryp, olaryň ozal hiç haçan etmäge-de synanyşmadyk işlerini etmek üçin ýolbaşçynyň borçlaryny ýerine ýetirmeklige goýberse beýle bolup biler.
Bir ýurtda diktatura dikeldilende, döwlet ýolbaşçylarynyň elinde ýokary we orta wezipeli mesihi ýolbaşçylarynyň sanawy eýýäm bardy. Agdarlyşyga çenli doly iş güni bilen işlän ýygnak hyzmatçylary «nyşana alnan» hasaplanylypdyr.
Wýetnamda ýygnagyň adaty agzasy bolsa-da, ýolbaşçy derejesini eýeläp, ýygnakda doly iş gününde işlemeýän mesihi ýolbaşçylary-da, «nyşana alnan» bolup çykdylar. Bu adamlarda gizlinlige gitmäge mümkinçilik ýokdy. Olar ýa-ha özleriniň Rebbe bolan imanyny açyk boýun alyp, soňky netijelere kaýyl bolmalydylar, ýa-da ruhy taýdan ýeňilmelidiler.
Şunuň ýaly agyr ýagdaýa düşen mesihiler üçin bütin dünýä bolup dileg etmelidiris. Aýdaly, ýurduňyzda mesihilik durmuşy öz ýolbaşçylaryndan aýra düşýär! Agdarlyşygyň yzyndan hökmany suratda gelýän bulam-bujarlyk döwründe, mesihileriň uly bolmadyk toparlary başga bir ýere göçüp, şol ýerde gizlin ýygnak döredip biler. Ýöne olar adaty iş usullaryny taşlamaly bolýarlar.
Munuň ýaly toparlaryň ýolbaşçylary kim bolar? Öý we maşgala ýygnaklaryna kim ýolbaşçylyk eder? Hudaý şunuň ýaly ýagdaýlarda Mukaddes Ruhuň kömegi bilen ýolbaşçylary aýaga galdyryp, geçmişde edişi ýaly, Öz ýygnagyny ýolbaşçylar bilen üpjün eder. Öý ýygnanyşyklarynyň topar agzalary Ruhuň ugrukdyrmasyny we Onuň hyzmatçy hökmünde saýlan mesihileriniň ýolbaşçylygyny kabul etmäge taýýar bolmalydyr.
Ýene bir gezek Resullaryň işleri kitabynda berlen täzeäht ýygnaklarynyň mysallaryna we resul Pawlusyň öz hatlarynda teklip eden görnüşlerine serediň. Mukaddes Ruhuň gönükdirmesi astynda mesihileriň uly bolmadyk ýygnaga ýolbaşçylyk etmesi, beýleki mesihilere teselli berip, goldap, öwüt-nesihat berip biljek birnäçe adamyň agzybir hyzmatdaşlyk etmesi arkaly amala aşyrylýarmyka diýýärin.
Kiçijik topardaky mesihiler özleriniň Hudaýyň öňündäki ruhanydyklaryna (1 Petrus 2:5 seret), Hudaý bilen gatnaşykda bolmak üçin özlerine Isadan başga-da araçynyň gerekdigine (1 Timoteos 2:5 seret), özlerini hemişe Mukaddes Ruhuň ugrukdyrýandygyna akyl ýetirenlerinde, Isa Mesih babatda dogry hereket ederler. Mesihiň Başdygyny, biziň hemmämiziň bolsa, Onuň Bedeniniň agzalarydygymyzy Mukaddes Kitap aýdýar (Efesliler 1:22–23 seret). Siziň eliňize beýniňiziň näme etmekligi buýruk berýändigini düşündirip biläýjek goşmaça ýolbaşçy gerekmi?
Adaty mesihiler özleriniň Rebbe gonüden-göni dileg edip bilýändiklerine, Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy arkaly Mukaddes Kitapdan ýazylan ýa-da ýat tutulan parçalara düşünenlerinde, islendik ýagdaýlarda we islendik jemgyýetde eýýäm synagdan geçen we dogry ýolda durarlar. Şeýdip, tolgundyryjy bir görnüş almadan beýlekisine edilýän syýahat başlanýar. Munuň ýaly mesihiler Mukaddes Ruhuň özlerini beýleki adamlaryň durmuşyna täsir etmek üçin ulanmagyna rugsat berýärler. Şunuň ýaly ruhdaky ýygnagy weýran etmäge hiç bir häkimiýetiň güýji ýetmez.
Hytaýda bir mesihi zenan şahtanyň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bolup işleýän eken. Bir gezek ol garaşylmadyk ýagdaýda howatyrlanara hiç hili sebäp ýok ýaly bolup görünse-de, Mukaddes Ruhuň özüni duýduryş signalyny basmaga itekleýändigini duýýar. Hemme zat adaty hem asuda ýaly bolup görünýärdi. Emma ol şonda-da, içki duýgusyna boýun bolup, sirenanyň düwmesini basýar.
Duýduryş signalynyň zenzelesi ýaňlanandygy sebäpli, şähtýorlaryň hemmesini iş ýerlerinden gyssagly çykarýarlar. Hemmeler şahtanyň girelgesine ýygnananda, ol zenan özüni elhenç bir ýalňyşlyk goýberen ýaly duýdy. Emma bir minut geçer-geçmez olaryň aýagynyň aşagyndaky ýer sandyrap başlaýar. Başlanan ýer titremesiniň netijesinde, şahtanyň işlenilip ýörlen bölegindäki ýer aşak opýar.
Bu aýal dilegiň duýgurlygynyň we Mukaddes Ruha boýun bolmaga taýýarlygynyň netijesinde, ol adamlaryň hemmesiniň jany halas edilýär. Munuň üstesine-de, öz üstlerine göni gelen ölümden özlerini Onuň gudrat bilen halas edendigini boýun alyp, dört ýüz sany şahtaçy Isa Mesihi öz Halasgäri hökmünde kabul etdi.
Mukaddes Ruhuň kömegi bilen elýeter bolan munuň ýaly ruhy güýçlerimizi ulanyp başlamazymyzdan öňürti, Mukaddes Ruhuň her bir mesihiniň durmuşynda edýän işleri baradaky Mukaddes Kitap taglymatyna düşünmegimiz gerekdir. Geliň, Onuň bilen baglanyşykly bolan esasy düşünjeleri ýatlalyň:
• Ol — Hudaýdyr (Gelip çykyş 1:2);
• Ol — bakydyr (Ýewreýler 9:14);
• Ol imanly adamyň içinde ýaşaýar (1 Korintoslylar 3:16; Rimliler 8:9);
• Ol imanly adamy hiç haçan terk etmeýär (Ýahýa 14:16);
• Onuň barlygy beren sylaglarynda ýüze çykýar (Galatýalylar 5:22–23);
• Ol duşmana garşy durmaga güýç berýär (Ýakup 4:7; Luka 9:1–2).
Imanly adam bu hakykatlary berk özleşdirse, islendik ýagdaýda hem ýeňiş gazanyp biler. Petrusyň: «Siz-de Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürlemek üçin diri daşlar kimin ruhy öý, mukaddes ruhanylyk hökmünde bina edilýärsiňiz» (1 Petrus 2:5) hem-de: «…siz …saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 Petrus 2:9) diýende, nämäni göz öňünde tutandygyna düşünmelidir.
Bu taglymatda aňladylýan manynyň kyn ýagdaýlara düşen mesihi üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hatda, olar endige öwrülen ýygnak işlerinden daş düşürilseler-de, öz maşgalalarynda, kiçijik ýgnaklarda hem Ýygnagyň işlerini ýerine ýetirip bilerler. Bu işe imana gelmedik adamlary Isa Mesihdäki gutulyşa getirmek üçin edilýän şaýatlyklar bilen wagyz etmeler, täze imana gelenleri suwa çümdürmeklik we Rebbiň agşamyna gatnaşmaklyk girýär.
Ýöne özleriniň ruhy ýolbaşçylar bolma hukugynyň bardygyna ynamly bolmadyk mesihileri Mukaddes Ruh ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin hem biz Mukaddes Kitabyň Isa Mesihiň Ýygnagyň Başydygy baradaky taglymatynda berk durmalydyrys. Isa bu wezipesini hiç bir adama-da, hiç bir gurama-da bermedi, şonuň üçin hem, Ol Hudaý bilen adamlaryň arasyndaky ýeke-täk Araçy bolýar.
Bu soraga doly düşünmezligiň esasynda her hili meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Şol meseleleriň biri-de, biziň Hytaýdaky wekilimize özüniň on ýylyň dowamynda Hudaýa sežde edip bilmändigini aýdan hytaýly mesihä aýdyň görkezilipdir. Biziň howsala düşen işgärimiz şunça uzak wagtyň dowamynda Hudaýa arkaýyn sežde etmäge özüne nämäniň päsgel berendigini soranynda, ol muňa öz ruhanysynyň tussag edilmesiniň sebäp bolandygyny aýdýar. Isa Mesih arkaly özüniň Hudaýyň huzuryna barmaga doly hukugynyň bardygyna bu adamyň düşünmeýändigi nähili gynandyryjy zat.
Isa Ýygnagyň Başy hökmünde, Ýygnaga Mukaddes Ruhuň güýjüni bermegini dowam etdirýär (Resullaryň işleri 2:33 seret). Mesihileriň her bir toparynyň mätäçliklerini kanagatlandyrmaklygy Mukaddes Ruha ynansa bolar. Ol bütin topary berkitmek üçin onuň agzalaryna ruhy sylaglar berýär (Rimliler 12:3–8 seret). Mesihiň Bedeniniň gatnaşygy üçin zerur bolan hemme sylaglaryň diňe bir adamda bolmagy gaty şübheli zatdyr. Adatça her bir mesihä ruhy sylag berilýär. Ol ony dogry ulanan ýagdaýynda toparyň hemme azgalaryna hakyky kömek bolar.
Öz toparlarynda Mukaddes Ruhuň ruhy sylaglary ulanmagyna taýýar bolmak üçin mesihileriň Ýazgynyň Mukaddes Ruhuň berýän sylaglary baradaky esasy parçalaryny gowy bilmekleri gerekdir. Pawlus Efesdäki ýygnaga şeýle diýdi: «Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi. …Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk, mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň Bedeniniň abatlanmagy üçin, Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi» (Efesliler 4:7, 11–12).
Ol Korintoslylara şeýle düşündirýär: «Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin. …Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär. Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi, başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary, birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär. Bularyň hemmesini şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşynä görä, aýry-aýry bölüp berýär» (1 Korintosylar 12:1, 7:11).
Eger biz öz aramyzda Mukaddes Ruha arkaýyn hereket etmäge ýol berme islemesek, onda Ol bizi şeýle mätäç bolan ýolbaşçymyz bilen üpjün edip bilmeýär. Petrus biziň her birimize: «Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin» (1 Petrus 4:10) diýip, tutanýerlilik bilen aýdýar.
Ruh tarapyndan mukaddes edilen sözi we işi öwrenme döwründe Mukaddes Ruhuň miweleriniň ýüze çykarylmagy örän zerurdyr. Galatýalylara hatda (5:22–23) biz: «Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» diýen sözlere duş gelýäris.
Mukaddes Ruhuň miweleriniň sanawynyň adam häsiýetine gönüden-göni dahyly bardyr. Bu miweler Ruhuň merhemetinde görkezilýär-de, Onuň berýän sylaglaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Adamyň aýratyn zehinliligi ýüze çykyp başlamazyndan öňürti, onuň häsiýeti emele gelip başlamalydyr.
Pawlus öz sanawyny söýgüden başlaýar, sebäbi beýleki miweler söýgüden ösüp çykýarlar.
Üç miweden — söýgi, şatlyk, parahatlyk — ybarat bolan birinji topar mesihiniň Hudaýa bolan ymtylyşyny görkezýär. Üç sözden — sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk — ybarat bolan ikinji topar mesihiniň beýleki adamlara gönükmesini we garaýşyny görkezýär. Üçünji topar bolsa — sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk — mesihiniň özünden edilýän talaby häsiýetlendirýär.
Adamyň terbiýelenmegi üçin özünde Ruhuň miweleriniň görünmegi örän zerurdyr. Ruh mesihide Öz miwelerini ýetişdirende, Hudaý ähli şöhraty alýar.
Ruhuň miweleri bol pataly klimatda ösüp ýetişýärler. «Ruha görä hereket etmeklik» Mukaddes Ruh bilen deň gadam urmalydygyny aňladýar. Ondan oňe düşüp ylgamaly hem däl, yza-da galmaly däl. Onuň bilen deň gadam urmaly. Takwa durmuşyň manysy şunda, ýagny Mukaddes Ruh bilen diri gatnaşyklarda jemlenendir.
Ruhuň miweleriniň jemleýji sanawyna biz Efeslilere hatda (5:9) duş gelýäris: «…Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr». Eger durmuşymyzda şol miweler bolsa, eger biz Öz beren sylaglaryny ulanyp, özümizi üýtgetmegine Mukaddes Ruha rugsat bersek, onda mesihilik şaýatlygymyz diňe bir biziň kynçylykdan baş alyp çykmagymyza kömek etmän, eýsem ol bizi ýeňiji eder.
Rollarda türgenleşme:
Siz kiçijik ýygnanyşygyňyz bilen Mukaddes Ruhuň işlerini gaýtalaýarsyňyz we şol işleri özüňiziň gündelik durmuşyňyzda ulanyşyňyz baradaky mysallaryňyzy paýlaşýarsyňyz. Şol işleri sanamakdan başlaň. Araňyzda soňky birnäçe günüň dowamynda haýsydyr bir takyk ýagdaýlarda Mukaddes Ruhuň özüne teselli bermesini aýdyň duýan adamyň barmy diýip soraň. Durmuşynda şu zatlara degişli bolan takyk ýagdaýlar barada özüňize gürrüň bermeklerini mesihilerden haýyş ediň. Mukaddes Ruhuň ähli işleriniň amala aşýanyny näme üçin görmeýändiklerini ara alyp maslahatlaşyň. Durmuşyňyzyň her bir ulgamyna Mukaddes Ruhuň gözegçilik etmegi üçin dileg ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hudaýy Şahsyýet hökmünde, Özüni üç Şahsyýetde açan Hudaý hökmünde kabul etmegimize şeýtan elinde baryny edip garşy çykýar. Siz şu taglymata garşy durmanyň haýsy takyk mysaly barada gürrüň berip bilersiňiz? Mesihi doganlarymyza bu taglymata düşünmäge nädip kömek etse bolar?
2. Mukaddes Ruhuň haýsy işleri siziň üçin aýratyn wajyp bolup görünýär?
3. Öz durmuşyňyzyň haýsy ulgamynda Mukaddes Ruhuň işleýänine düşünişiňizi gürrüň beriň.
4. Mukaddes Ruhuň sylaglaryny ýene bir gezek sanap çykyň. Siziň pikiriňizçe, toparyňyzdaky agzalarda haýsy sylaglar bar? Özüňizde haýsy sylag bar?
5. Mukaddes Ruhuň işiniň miwelerini sanaň. Mukaddes Ruhuň miweleriniň öz durmuşyňyzda ýüze çykýandygyny nädip düşündirip bolar? Şol miweler sizde görünýärmi? Siziň kiçijik ýygnagyňyzda görünýärmi?
14-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: MUKADDES KITAP
2 Petrus 1:20–21
Daniýel kürsüde oturan ýerinde haýran galmadan ýaňa kellesini ýaýkaýardy. Ol özüniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan uzak saparyndan şu wagtjyk gaýdyp gelipdi. Ol Singapurdaky öz öýüniň azat ediji gözelligi içinde oturyp, netije jemlemäge we özünde galan täsirleri, alnan maglumatlary beýan etmäge synanyşýardy.
— Daniýel, sen öz saparyň döwründe nämeler bildiň? — diýip, ondan soradylar.
Daniýel kellesini ýaýkap, ýylgyrmasyny dowam etdirdi. Ahyrsoňy ol gürläp başlady.
— Megerem, jemleýji sapar diýip, bir öý ýygnanyşygyna edilen sapary aýtsa bolar. Bu ýygnak soňky ýyllarda gazaply yzarlanmalary başdan geçiren birnäçe ýüz adamy özünde jemleýär. Munuň ýaly gorkunç şertlerde nädip ýeňişli mesihiler bolup galyp, hatda san taýdan hem ösüp bilýändiklerini men olardan soradym. Olar üç zady aýtmak bilen derrew jogap berdiler. Olaryň birinjisi, Hudaýyň Sözüne boýun bolma. Ikinjisi, Hudaý bilen gepleşik, ýagny dileg etmek. Üçünjisi hem, doganlara bolan söýgi.
Bu topar her hepdede Mukaddes Kitapdan bir baby ýat tutýarlar. Hemme zat Mukaddes Kitabyň nusgalarynyň ýetmezçiliginden başlanýar. Ýöne olar Söze munuň ýaly garamanyň özlerine nähili ak patalary getirýändigine akyl ýetireninden soň, barybir ýatlamagyny dowam etdirýärler.
Mukaddes Kitap — bu Hudaýyň hat ýüzüne geçirilen Özi we Özüniň adamlar bilen gatnaşykda bolma islegini açmak üçin beren ylhamydyr. Ol diňe bir Hudaýyň şahsyýeti baradaky ylham bolman, eýsem Onuň dünýäni halas etmekdäki çylşyrymly maksady baradaky ylham hem bolup durýandyr. Eger Hudaý Özüni açmak islemedik bolsa, onda adamlar biziň beýik Hudaýymyza hiç haçan hem düşünip bilmezdiler.
Elbetde, Hudaýyň iň beýik ylhamy biziň aramyzda ýaşamaga gelen Ogly Isa Mesih boldy. Hatda bu hakykata düşünmegimiz hem Hudaýyň ýazylan Sözüne, ýagny Mukaddes Kitaba baglydyr.
Soňky asyryň dowamynda şeýtan Mukaddes Kitabyň abraýyny dökjek bolup, hakyky propogandistik kompaniýany geçirdi. Mesihileriň Hudaýyň Sözüne bolan ynamyny ýitirmegini şeýtan diýseň isleýärdi. Ýöne jan etmeleriň hiç birine garamazdan, bu Kitabyň ejizligini subut etmek hiç haçan hem hiç kime-de başartmady. Bu Kitap adamzada belli bolan ýeke-täk we hemme taraplaýyn hakykat bolmagyna galýar.
Mukaddes Kitap — bu biziň imanymyzyň Hudaý tarapyndan berlen özenidir. Mesihiler köp gezek onuň taglymatyndan daşlaşdylar. Netijede-de, ejir çekdiler. Ýöne adatça mesihiler ondan Mukaddes Kitap taglymatlaryny bilmedik ýa-da oňa düşünmedik ýagdaýynda daşlaşýarlar.
Ýygnak Hudaýyň Sözüniň ylhamyna, diňe adamlaryň onuň nämäni öwredýändigine düşünen ýagdaýynda wepaly bolup biler. Hudaýyň Sözüni öwrenmeklik mesihilik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr. Mesihiler Ýazgynyň taglymatyna şübhelenende, düşünmedik ýagdaýynda ýa-da ony äsgermezlik edende, özleriniň ruhy güýçlerini ýitirýärler.
Ilki başda Mukaddes Kitap düzgünleriniň esasynda gurlan mesihi guramalary özleriniň ruhy täsirini hut şu sebäbe görä ýitirdi. Şonuň üçin hem diňe Hudaýyň Sözüniň abraýyna gaýdyp gelmeklik we onuň Mesihiň Bedeniniň çyn agzasynda görünmeli bolan taglymatynyň düzgünlerine wepalylyk ruhy durmuşy täzeden dikeldip biler. Mukaddes Kitap özüniň Hudaýyň Sözi diýlip atlandyrylmaga hakynyň bardygyny aýdyň yglan edýär: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16–17; şeýle hem 2 Petrus 1:21 seret). Isa Mesih şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyryň…olar Men hakda güwälik edýärler» (Ýahýa 5:39).
Biziň ýygnakda öwrenýän zatlarymyzyň hemmesi diňe Mukaddes Kitaba esaslanmalydyr. Öz kitabymyzda her bir düzgüni Mukaddes Kitaba salgylanma bilen tassyklaýandygymyzy siz, elbetde, görensiňiz. Getirilen parçalara göz aýlaň-da, bu sapaklaryň özüňize diňe Mukaddes Kitabyň taglymaty esasynda öwüt-nesihat berýändigine göz ýetiriň. Mukaddes Kitabyň öwredýän zadyna düşünmezden, Ýygnak hakykatda ýaşamaklyga umyt baglap bilmez.
Azat dünýädäki mesihiler Mukaddes Kitabyň wajyplygyna düşünýärler, ýöne ony arkaýyn ulanyp bilýändigi üçin onuň gadyryny bilmeýärler. Eger Mukaddes Kitap elýeter bolmasyny bes edäýse näme? «Siz Hudaýyň Sözüni ýüregiňizde gizlediňizmi?» (Zebur 119:11 seret). Mukaddes Kitap taglymatynyň eliňizde Mukaddes Kitap bolmasa-da, Rebbe wepalylygyňyza galyp bilýändigiňiz baradaky esasyna aýdyň düşünýärmisiňiz?
Hudaýyň Sözüne doly bagly bolmaklygyň iň gowy mysalyny Isa bize görkezdi. Ol hemişe, mysal üçin, şeýtan Özüni çölde synaga saljak bolanda, Isa onuň her bir hüjümine Ýazga salgylanyp jogap berdi (Matta 4:1–11 seret). Isa Öz taglymatyny köneäht Ýazgylaryna esaslandyrdy we taryhy mysal hökmünde ulanyp, olara köp ýüzlenýärdi. Isa Özüniň hudaýlyk ygtyýary bilen Köne Ähtiň hakykydygyny tassyklady. Ol muny Köne Ähtiň her bir Kitabyna hiç bolmanda bir gezek salgylanmak bilen etdi.
Isanyň ölüp direlenden soň hem Ýazgylara ýüzlenendigini bellemek aýratyn hem gyzyklydyr. Ol Emmausa barýan ýolda Özüniň iki sany şägirdi bilen gidip barşyna, «…Musa bilen beýleki pygamberlerden başlap, Mukaddes Kitapda Özi barada aýdylanlaryň hemmesini olara düşündirdi» (Luka 24:27).
Irki Ýygnagyň durmuşynda Ýazgynyň merkezi orny eýeländigi Resullaryň işleri kitabynda aýdyň aýdylýandyr. Resullar Ýazgyny Pentikost günündäki wakany düşündirmek (2:16–21 seret), Isanyň Mesih hökmündäki statusyny tassyklamak (2:25–28 seret), Mesihiň wagyzlaryny (8:29–35 seret), yzarlanmalara nähili garamagyň gerekdigini kesgitlemek (4:23–26 seret), yzarlanma döwründe Ýygnagyň ýagdaýyna (7:1–53 seret) we butparazlykdan Mesihe bolan imana gelen mesihilere garaýyşlara baha bermek üçin ulanypdyrlar. Täzeäht mesihileriniň we hatlarynyň ýazarlarynyň köneäht Ýazgylaryny öz düşünjeleriniň subutnamasy hökmünde ulanandyklarynyň ýüzlerçe mysallary bardyr. Bu Mukaddes Kitap taglymaty üçin gürrüňsiz wajypdyr. Şu ýagdaýyň şu günki mesihileriniň arasynda hem görünýändigi şatlandyryjy zatdyr. Mukaddes Kitap Hudaýyň biliminiň hakyky çeşmesidir.
Köne Ähtiň Kitaplary ýewreý halky tarapyndan müň ýylyň dowamynda düzülipdir. Mesih hem şol Ýazgylaryň hakykydygyny tassyklady. Irki Ýygnak ýuwaş-ýuwaşdan oňa Täze Ähtiň Kitaplaryny hem goşdy. Mukaddes Ruh hem onuň hakykydygyny tassyklady.
Isa gelenden soňky I we II asyrlarda irki Ýygnagyň ýolbaşçylary hem edil Mukaddes Kitap halypalarynyň we Isanyň Özüniň edişi ýaly, abraýly köneäht Ýazgylaryna salgylanypdyrlar. Täze Ähtiň Kitaplarynyň hemmesi-de ýuwaş-ýuwaşdan mizemez abraýy gazanyp başladylar. Biziň eramyzyň ýüzlerçe beýleki ruhy kitaplary bolsa, abraýly kitap hökmünde kabul edilmedi.
III asyrda Ýygnagyň hemme ýerdäki ruhy ýolbaşçylary şu günki günde Täze Äht adyny alan Kitaplaryň hemmesini ykrar etdiler we kabul etdiler. Ýygnaklaryň Halkara Sobory (Mejlisi) hem bu Kitaplaryň «kanun» bolmalydygy baradaky fakty ýa-da Täze Ähtiň resmi taýdan ykrar edilen mazmuny bolmalydygyny tassyklady. Aslynda bu saýlawyň Mukaddes Ruh tarapyndan edilendigine, adamlaryň bolsa, ony diňe tassyklandygyna biziň hemmämizem düşünýäris.
Mukaddes Kitabyň wajyplygyny şeýtan şübhe astyna salmaýar. Ol ony bütin asyrlaryň dowamynda ýok etmeklige synanyşýar. Täzeäht döwründe ol ony rimlileriň, Tümlük asyrlarynda warwarlaryň, Orta asyrlarda ispan konkistadorlaryň, XVIII asyrda fransuz radikallarynyň, ikinji jahan urşy döwründe milletçileriň, sowet kommunistleriniň we geçen asyrda hytaý rewolýusionerleriniň elleri bilen ýok etmeklige çalyşdy. Taryhyň dürli döwürlerinde Mukaddes Kitap ýakylan ägirt uly otlaryň bolandygyny eşitmek bolýardy.
Şonda-da, ol hemme döwürde-de, hemme halklarda giňden okalan Kitap bolmagyna galýandyr. Şeýtan Mukaddes Kitaby diňe bir fiziki taýdan ýok etmäge synanyşman, eýsem adamlaryň oňa bolan ynamyny hem zym-zyýat etmeklige çalyşdy. Nesiller biri-birleriniň yzyndan Mukaddes Kitabyň garşysyna ylmy taýdan galp bolan subutnamalary oýlap tapdylar.
Şeýtanyň Mukaddes Kitabyň garşysyna ulanýan iň güýçli ýaragy perwaýsyzlyk bolup durýandyr. Mukaddes Kitabyň kitap tekjelerinde tozan basyp ýatyşyna seretmeklik şeýtana diýseň ýaraýar. Ol muňa ekstremistleriň bu Kitaby alawlap duran oda taşlaýşyny görendäkisi ýaly şatlanýar. Mukaddes Kitaby gowy, hatda ajaýyp Kitap hasaplap başlanlarynda hem şeýtan begenýär. Ýöne adamlar bu Kitaby hakyky bolşy ýaly, ýagny heläk bolup barýan dünýä üçin Hudaýyň Sözi hökmünde ykrar edenlerinde, şeýtan üçin iň elhenç zat bolup başlaýar.
Mukaddes Kitabyň bähbidine bolan iň güýçli delilleriň biri-de, warwarlar, faşistler we kommunistler ýaly dürli adamlaryň oňa bolan gazaply ýigrenjidir diýip hasaplasa bolar. Olar Mukaddes Kitapdan näme üçin gorkýarkalar? Näme üçin birgiden diktator režimleri bu Kitabyň ýaýradylmagyny bes etmäge çalyşdykalar?
Bir gezek Sowet Soýuzynda iki sany skandinawiýaly ýaş zenany Mukaddes Kitap paýlap durkalar tutýarlar. Milisiýa eltenlerinde olara gödek darapdyrlar, ellerinden ähli emlägini, şol sanda awtomobilini hem döwlet haýryna geçiripdirler. Aýallaryň özlerini bolsa, ýurtdan çykarypdyrlar. Başga bir ýagdaýda bir iňlisi edil şunuň ýaly «jenaýat edendigi» üçin türmä salypdyrlar. Näme üçin? Sebäbi repressiw döwlet deňi-taýy bolmadyk Mukaddes Kitabyň güýjünden gorkýar.
Biz öňräk mesihiligi ýok etmek üçin repressiw döwletleriň ulanýan dürli usullarynyň gürrüňini eýýäm edipdik. Olar adatça yzarlanmalaryň başynda Isanyň taglymatynyň öz taglymatlaryna doly gabat gelýändigini aýdýarlar. Şunuň esasynda hem, olar ýaş mesihileri mesihiligine galybermelidigine, şol bir wagtyň özünde-de, öz aňyýetlerine-de eýermelidiklerine ynandyrmaga synanyşýarlar. Olar şeýle hem, halky Mukaddes Kitapda köp gapma-garşylyklaryň bardygyna, ony hiç bir ýagdaýda-da dolulygyna hakyky Kitap hasaplamaly däldigine ynandyrmaga hemişe synanyşýarlar.
Olar öz pikirleriçe Mukaddes Kitabyň içini dolduryp duran «mamalaryň ertekileriniň» üstünden gülýärler we diňe imana esaslanýan taglymata aňly-düşünjeli düşündirişi talap edýärler. Munuň ýaly hüjümlere mesihileriň diňe az sanlysy taýýar bolýarlar.
Bir gezek Hytaýyň esasy üniwersitetinde okaýan mesihi talyplar mugallymlary, ýagny mesihiligiň garşydaşlaryny petige direýärler. Ýöne mundan soň, döwlet olara «propoganda etmekligi» gadagan edýärler we ýaş mesihileri zorluk bilen öz talaplaryna boýun bolmaga mejbur edýärler. Mesihiler şunuň ýaly ýagdaýa düşenlerinde, Mukaddes Kitaby jikme-jik öwrenmeklige başlamalydyrlar.
Mukaddes Kitabyň arkaýyn öwrenilýän wagtynyň örän gysga boljakdygyna ynamly bolup bolar. Tizara Mukaddes Kitap kitap dükänlarynyň we ýygnanyşyk dükanjyklarynyň tekjelerinden gaýyp bolar. Repressiw režimli ýurtlarda döwlet köplenç özüniň söýgüli usulyny ulanýar, ýagny Mukaddes Kitap dükanlaryň tekjelerinde goýulýar, ýöne ony satyn almak üçin häkimiýetden alnan aýratyn «rugsatnama» gerek bolýar. Bu, eger kimde-kim «rugsatnama» soramaga het etse, polisiýanyň şony ynamdar bolmadyk adamlaryň sanawyna goşjakdygyny aňladýar.
Elbetde, döwlet gözegçiligindäki çaphanalar, düzgün bolşy ýaly, Mukaddes Kitaby çap etmeýärler. Şunuň ýaly düzgünden çykmalaryň biri Hytaý häkimiýeti tarapyndan Amiti Bible Press çaphanasynda Mukaddes Ýazgynyň çap edilmegine rugsat bermesi boldy. Berlen maglumatlara görä, bu çaphana Mukaddes Kitabyň ýigrimi bäş million ekzemplýaryny goýberýär. Olaryň aglaba bölegi resmi taýdan hasaba alnan ýygnaklaryň agzalaryna satylýar. Bu günki günde öý ýygnaklarynyň Mukaddes Kitaba mätäçligi bolsa, kyrk million nusga ýetýär.
Käbir ýurtlarda şu wagta çenli hem Mukaddes Kitap gytçylyk edýär. Ruhy çopanlar Mukaddes Kitabyň gymmatly bolan nusgalaryny mätäç bolan mesihileriň arasynda nähili paýlajaklaryny bilmeýärler. Wýetnamdaky bir öý ýygnanyşygy Mukaddes Kitaby aýatlary gabanjaňlyk bilen ýat tutýan mesihilere berme kararyna geldi. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby 119-njy mezmury, onuň bir ýüz ýetmiş alty aýadyny ýatdan ýalňyşsyz aýdanlara paýladylar.
Biziň Mukaddes Kitabyň ýetmezçiligi ýiti duýulýan ýurtlary bu Kitap bilen üpjün etmek üçin «Açyk gapylar» guramamyzda mümkin bolan zatlaryň hemmesini edýändigimiz geň galar ýaly zat däldir, sebäbi Hudaýyň halas etme güýji diňe ondadyr!
Meşhur Hytaý ruhy çopany Wan Min-dao ahyrsoňy türmeden boşadylandan soň şeýle diýipdir: «Ýigrimi ýylyň dowamynda mende Mukaddes Kitap bolmady. Bagtyma, men ýigrimi ýaşdan ýigrimi dört ýaşa çenli öýde ýaşap, öý işlerimi ýerine ýetiren mahalym Mukaddes Kitaby öwrenipdirin. Men köp parçalary ýat tutupdym. Bendilikde bolan döwrümde şol aýatlar biri-biriniň yzy bilen ýüregimiň jümmüşinden çykyp, meni berkitdi. Eger Hudaýyň şol sözleri bolmadyk bolsa, diňe men däl, ýanymdakylaryň köpüsi-de doly ýeňlişe sezewar bolardylar».
Hytaýyň günorta böleginden bolan ruhy çopan Lam hem bendilikde uzak wagtlap bolýar. «Mukaddes Kitap mekdebinde ýazgydan munuň ýaly köp aýatlary näme üçin ýat tutmagyň gerek bolandygyna şonda düşündim. Men sagdyn paýhasy Mukaddes Kitap aýatlaryny hemişe gaýtalap ýörmek bilen sakladym» diýip, ol gürrüň berýär.
1. Mukaddes Kitaby okamak, öwrenmek we ol barada pikirlenmek
Ýygnak kyn ýagdaýlara Hudaýyň Sözüni çynlakaý öwrenmek we ýat tutmak arkaly gowy taýýarlanyp biler. Mesihiler Mukaddes Kitaby doly derejesinde bilmelidirler. Onuň mazmunyny ýatda saklamaklyk hem Hudaýyň Mukaddes Kitapda beýan edilen maksadyna düşünmäge ýardam edýär.
Mukaddes Kitaby nähili garaýyş bilen öwrenip başlamak gerek? Birinjiden, Mukaddes Kitaby öwrenmä munuň diňe bir gürrüň bermekçi bolýan adamlaryňyza däl-de, özüňize gerekdigine düşünmek bilen başlaň. Ikinjiden, Mukaddes Kitabyň ýanyna kiçigöwünlilik bilen geliň. Mukaddes Kitaby diňe özüňiziň eşitmek isleýän zatlaryňyzy aýtmaga mejbur etmäge synanyşmaň-da, ony Hudaýyň Özüniň aýdan zatlaryny açmak üçin öwreniň. Mukaddes Kitabyň öwrenilmegi adamyň bilim almagy üçin däl-de, onuň üýtgemegi üçin niýetlenendir.
Ýazgy bize Hudaýyň Sözi barada oýlanmaklygy gaýta-gaýta buýruk berýär. Munuň üçin wagt bilen tertip-düzgün gerekdir. Netijede bolsa, biz ruhy ak patalar bilen sylaglary alýarys. Pikirlenmeklik — Mukaddes Kitap aýatlary ýa-da parçalary barada belli bir maksada gönügip oýlanmaklygy aňladýar. Bu Mukaddes Kitap hakykatlaryny şahsy durmuşyňda nädip ulanyp bolýandygyna düşünmek üçin edilýär. Ýazgyny durmuşda ulanmak üçin biziň özümize üç sany esasy soragy bermegimiz gerekdir:
• Bu aýatlar özüniň ilkinji diňleýjileri üçin näme äňladypdyr?
• Olarda wagta bagly bolmadyk nähili düzgün gizlenipdir?
• Men şol düzgünleri durmuşda nirede we nädip ulanyp bilerin?
Ine, Mukaddes Kitap aýadynyň ýa-da parçasynyň üstünde oýlanmagyň alty sany takyk ýoly:
• Ony pikiriňizde göz öňüne getiriň! Onda suratlandyrylýan sahnany pikiriňizde janlandyryň.
• Ony aýdyň! Ony gaty ses bilen aýdyň. Her gezekde-de dürli sözleri aýratyn belläp aýdyň.
• Ony gürrüň beriň! Öz berjek gürrüňiňizi ýazyň.
• Ony oýnaň! Gahrymanyň adyny öz adyňyz bilen çalşyň.
• Onuň üçin dileg ediň! Aýady dilege öwrüň-de, ol barada Hudaýa gürrüň beriň.
• Ony derňäň! Oňa aşakdaky soraglary beriň:
• Bu aýat meniň toba etmedik günämiň bardygynyň üstüni açýarmyka?
• Bu aýat meniň özi üçin dileg edip biläýjek wadamyň bardygyny görkezmeýärmikä?
• Bu aýat maňa özümiň üýtgetmeli bolan häsiýetlerimi görkezmeýärmikä?
• Onda özümiň ýerine ýetirmeli bolan buýruklarym ýokmuka?
• Onda özümiň eýermeli bolan göreldelerim ýokmuka?
• Onda meniň dileg etmeli zadym ýokmuka?
• Onda meniň gaça durup biläýjek ýalňyşlarym görkezilmedimikä?
• Onda meniň ynanmaly bolan hakykatlarym ýokmuka?
• Onda meniň Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli zadym ýokmuka?
2. Mukaddes Kitaby ýatda saklama
Aýatlaryň ýatda saklanylmagy örän wajyp zatdyr. Ýazgynyň esasy aýatlaryny her bir mesihi bilmelidir. Mysal üçin, Ýahýanyň Hoş habaryndan (3:16; 5:24), Efeslilere hatdan (2:8–9).
Hepdede bir aýady ýat tutmaklyk gowy bolardy. Günde bir aýat ýat tutulsa, has-da gowy bolardy. Mysal üçin, öz toparyňyzda Mukaddes Kitabyň tutuş baplaryny ýatda saklamaklygyň meýilnamasyny işläp düzüp bilersiňiz. Bir baby iki ýa-da üç adamyň arasynda bölmek hem mümkindir. Birnäçe wagt geçenden soň, toparyň agzalary duşuşyp, şol baby ýatdan ýazyp bilerler. Şunuň ýaly zady endik edinip hem onuň gidişine gözegçilik edip, hatda kiçi toparlarda-da Ýazgydaky Ýahýanyň birinji haty ýa-da Filipililere hat ýaly böleklerini ýatda saklap bolar. Ýatda saklamany edil şu wagtdan başlamak örän wajypdyr. Siz Ýazgynyň peýdalydygyna hiç haçan şübhelenmedik bolsaňyz hem, muňa güýjüňi sarp edeniňe degýändir. Edil şu günüň özünde başlaň!
Bir ýaş mesihi Wýetnamyň demirgazyk böleginde ýaşaýardy. Ol ýerde häkimiýeti kommunistler öz ellerine alypdy. Şol ýaş mesihi birden azat dünýä düşäýse, Mukaddes Kitaby ürç edip öwrenjekdigine kasam içýär. Birneme wagt geçenden soň, onuň ýaşaýan etraby günorta Wýetnam goşunlary tarapyndan azat edilýär. Şondan soň ol mesihi özüniň beren wadasyny ýerine ýetirip başlaýar. Ol Mukaddes Ýazgydan aýatlary ýat tutup başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, ol taglymatyň Mukaddes Kitap özenine düşünmeklige jan edýär. Birnäçe ýyldan soň şol etrap ýene-de kommunistleriň zulumy astyna düşýär. Ýöne ýaş ýigit bu gezek kynçylyklara taýýarlykly bolup çykdy. Ol Günbatara gaçyp barandan soň, Mukaddes Kitap aýatlaryny ýat tutmanyň özi üçin nähili teselli hem goldaw bolandygy barada gürrüň berýär. Onuň özi we ýene-de birnäçe sany mesihi doganlary şol aýatlaryň kömegi bilen Hudaýa sežde edip we biri-birlerini goldap bildiler.
Mukaddes Kitap aýatlary saz bilen has-da gowy ýatda saklanylýar. Adamyň ýady Mukaddes Kitap aýatlaryny köp mukdarda aýdym görnüşinde ýatda saklap biler. Mundan başga-da, Mukaddes Ruh biziň ruhumyzy joşdurmak üçin Mukaddes Kitabyň saza goşulan aýatlaryny ulanyp bilýär we Ýazgynyň mazmunyny özümize gerek wagty ulanyp bilerimiz ýaly, ýadymyza salyp bilýär.
Elbetde, ýöne bir ýatda saklama diňe başlangyçdyr. Bölekleri ýat tutup, soňundan ýat tutulan aýatlary ýatdan ýazmaklyga sarp edilen güýjüň adama onuň manysyna we mazmunyna düşünmäge ägirt uly derejede kömek edýändigini mesihiler gördüler. Eger siz ýat tutjak bolup, şol sözler barada gowy pikirlenseňiz, olaryň manysy size has-da düşnükli bolar.
Her toparda ýat tutma programmasyna gatnaşyjylaryň iň arzylysy çagalar bolmalydyr. Çagalar aýatlary ululardan köp derejede gowy ýat tutýandyrlar. Şonuň üçin olar ýat tutan aýatlaryny soňundan geljek indiki nesle geçirip bilýärler.
Ýat tutulan bölekleri hiç bolmanda aýda bir gezek gaýtalap durmalydyr. Ýygnak uly bölekleri ýat tutandan soň, ýygnagyň her bir agzasy bütin bölegi bilelikde düzmek üçin özleriniň ýat tutan böleklerini ýazmalydyr. Şeýdip, siziň toparyňyz, eger bir bölegi ýatdan aýtmak zerur bolan ýagdaý ýüze çykanda, tutuş bir bölegi düzüp biljekdigini bilýär. Hakykat ýüzünde dürli görnüşde ýazylan hatlar we dürli kagyzlar adatça, hiç hili şübhe döretmeýän zyýansyz kagyz ýaly bolup görünýär. Hat ýazýan maşynda ýazylan tekstiň ýa-da printerde çap edilen tekstiň göze görnüp duran ýetmezçiligi gözleg geçirilen wagty özüne çekýän «ähmiýetliligi» bolup durýandyr.
Gongkongdan Hytaýa ýygy-ýygydan gelip durýan bir garry aýal özüniň öýünde ýat tutan Mukaddes Kitap aýatlaryny boş wagtlarynda ýazýan eken. Hytaýdaky dostlary onuň ýazgylaryny ýygnap, hazyna kimin saklapdyrlar.
Dünýäniň käbir sebitlerinde okabam, ýazybam bilmeýän mesihiler bar. Emma olar hem ýat tutma programmasynda uly rol oýnap bilerler. Sowatsyz adamlar ýat tutar ýaly, şol bir parçany birnäçe gezek okamak gerekdir. Olar hem edil şunuň ýaly usul bilen şol parçany özleri ýaly beýleki sowatsyzlara geçirip bilerler. Şeýdip, dilden-dile geçme däbi köp müň ýyllaryň dowamynda bir nesilden beýleki nesle berlipdir. Şu manyda audiokassetalar Ýazgyny ulanmagyň hem-de saklamagyň wajyp görnüşi boldy.
Mezmurçynyň maslahatyna eýerip, Hudaýyň Sözüni ýüregimizde saklamak bilen biz geljekki ruhy söweşler üçin güýjüň iň baý çeşmesini edinip bileris. Yzarlanylýan Ýygnagyň mesihileri bu düzgüne hemmeden gowy düşünýäne meňzeýär. Köp ýyllaryny tussaglykda geçirmeli bolan mesihiler, Mukaddes Kitabyň aýatlaryny ýat tutmanyň şeýle wajyplygy barada gürrüň edýärler.
Öňki Sowet Soýuzynda ruhy çopan Iwan Antonow Hoş Habary wagyz edendigi üçin türmede jemi ýigrimi dört ýylyny geçirýär. Ol 1988-nji ýylyň noýabr aýynda boşadylýar. Ol yzyna nazar aýlap, şeýle diýýär: «Iň esasy zat Hudaýyň Sözüni ýat tutmakdyr. Men türmede we lagerlerde bolan wagtym elimde Mukaddes Kitap ýokdy, ýöne men ýadymda saklan zatlarymy ýatlap bilýärdim. Men her gün Köne Ähtden iki baby, Täze Ähtden iki baby gaýtalaýardym.
Şonuň üçin Müsürdäki Ýusup biygtyýar meniň ýadyma düşýärdi. Ol bolçulyk bolan döwründe däneleri ammarlara salyp goýýar. Açlyk düşende bolsa, ol ammardaky däneleri paýlap başlaýar. Şeýdibem, adamlar açlyk sebäpli geljek ölümden halas edilýärler…
Bu Ýazgylar meniň janym üçin iýmit boldy… Hudaý her gün ir bilen meni oýarýardy… Şeýdip, asudalykda we parahatlykda dileg etmäge meniň wagtym bolýardy».
Başga bir rus doganymyz Benýamin Merkewiç lagerden azatlyga çykanyndan soň, şeýle diýip ýatlaýar: «Men türmede Mukaddes Kitabyň baplaryndan ýat tutan aýatlarymdan teselli hem ruhlanma tapýardym. Ol aýatlar meniň janym üçin iýmit boldy hem-de jynlaryň güýjüne garşy göreşde maňa kömek etdi… Şol günler “hemme zada ýeňip geçmek bilen döz gelmek” üçin aýratyn güýçleriň gerek bolan şol “erbet günleri” bolupdy».
Ýatda saklama programmasyna goşant hökmünde siziň kiçijik toparyňyz Mukaddes Kitabyň çap edilen nusgalaryny saklamak üçin hem bir zatlar edip başlasa bolar. Mukaddes Kitap hemişe hemmeler üçin elýeter Kitap bolar diýip pikir etmäň. Her bir mesihide her gün okar ýaly, Mukaddes Kitabyň hiç bolmanda bir nusgasy bolmalydyr.
Eger siz azat jemgyýetde ýaşaýan bolsaňyz, onda siz Mesihe bolan imanyňyzyň şaýatnamasy hökmünde Mukaddes Kitaby ýanyňyzda açyk göterip bilersiňiz. Ýöne yzarlanma wagty gelende, siziň eliňizdäki Mukaddes Kitaby tapaýsalar, onda ony döwlet haýryna geçirmekleri ahmal. Ony häkimiýet wekilleriniň eline düşmez ýaly, nädip saklamalydygyny siz bilýärmisiňiz? Käwagt ony ýöne bir goňur kagyza dolap goýmanyň hem ýeterlik bolýandygyny mesihiler gördüler. Başga birleri onuň daşyny aýryp, uly bolmadyk birnäçe kitaplara bölýärler.
Mukaddes Kitaby kitapçalara bölnen görnüşinde imansyz adamlaryň örän az sanlysy tanap biler. Her bir mesihi maşgalasy Mukaddes Kitabyň hiç bolmanda bir nusgasyny saklap goýmagyň aladasyny etmelidir. Häkimiýet wekilleriniň köp kitaplary tapyp döwlet haýryna geçirmegi mümkin. Şonuň ýaly ýagdaýda Mukaddes Kitabyň tapylman galan nusgasy mesihiler toparyna Hoş Habar taglymatynyň arassalygyny saklamaga kömek eder.
Ýatda saklaň, mesihileriň özlerine duşmançylykly boljak ýagdaýlara düşmeginiň mümkin bolandygy üçin olaryň Mukaddes Kitabyň aýatlaryny ýatda saklamaklary we Mukaddes Ýazgynyň çap edilen nusgalaryny aýawly saklamaga çalyşmaklary örän wajypdyr. Eger siz iki programma boýunça hem edil häzirden işläp başlasaňyz, olaryň öz toparyňyzyň agzalarynyň arasyndaky ruhy gatnaşyklary berkidýänini, ýygnanyşygyň gowy ýagdaýyny döredenini, özüňiziň Hudaýyň Sözüne bagyş edilendigiňizi çuň duýdurýanyny görersiňiz.
Eger Mukaddes Kitap nusgalarynyň mukdary ýagdaýlara baglylykda çäkli bolup galsa, siz Hudaýyň Sözüniň saklamak başardan nusgalaryny paýlama jogapkärçiligini öz üstüňize almalysyňyz. Beýleki mesihileriň Mukaddes Kitap tapyp bilmeýändigi barada eşideniňizde, siz olara kömek edip bilersiňiz. Ine, Mukaddes Kitaby «gizlin» ýaýratmak boýunça ulanylan birnäçe tejribeler. Olary yzarlanylan Ýygnagyň mesihileri örän agyr şertlerde ulanypdyr.
• Mukaddes Kitaby tutuş bir kitap däl-de, böleklere bölünen görnüşde ýaýratmak aňsatdyr.
• Mukaddes Kitabyň nusgalaryny ondan bölekleri göçürip alyp, olary beýleki mesihileriň arasynda ýaýratjak adamlara beriň.
• Repressiw režimli ýurtlaryň hemmesiniň häkimiýetleri ýurduň içindäki ähli poçta üsti bilen goýberilýän hatlary barlap durýan däldir. Ýazgynyň birnäçe mukdardakysyny poçtanyň üsti bilen iberip bolar. Goýberilýän nusgalar islendik konselýär dükanyndan satyn alyp bolaýjak kagyza el bilen ýazylan bolmalydyr.
• Mukaddes Kitap audio ýazgylaryny ulanmaklyk köp şübhe döredip durmaz, ylaýta-da, tekst saza goşulan bolsa howpsuz bolar.
• Kompýuteri bar bolan adamlar Mukaddes Kitaby disketlerde ýa-da lazer disketlerinde saklap bilerler.
Diktator režimli ýurtlarda Ýazgyny köpeltmeklik ýa-da ýaýratmaklyk howply hem töwekgelçilikli iş bolup biler. Ýöne Mukaddes Kitap aýatlaryny ýatda saklamakdaky ýagdaýda bolşy ýaly, bu iş hem ägirt uly ruhy sylagy wada berýär. Reb Öz Sözüni ýaýratmakda görkezen wepadarlygyňyza ak pata berer.
Hatda şu günem, ýagny siziň azat jemgyýetde ýaşaýan döwrüňizde-de, siz repressiw režimli şertlerde ýaşaýan mesihilere Mukaddes Kitaby ýetirme işine gatnaşyp bilersiňiz. Şonda siz olaryň Hudaýyň Sözüniň taglymatyna we ýaýradylmagyna nähili hormat bilen garaýandygyny görersiňiz.
Hytaýyň günorta bölegindäki mesihiler 1980-nji ýylda «Açyk gapylar» guramasyndan özlerine Mukaddes Kitabyň million nusgasyny goýbermegini haýyş edipdirler (bu çäre «Merjen taslama» ady bilen meşhur boldy). Mesihiler Hudaýyň Sözüni alma isleginden şeýle bir dolup-daşypdyrlar welin, hatda bu barada aýdym hem düzüpdirler:
Rebbim, bize Öz Sözüň bilen
Gymmatbaha nuruň gönder.
Onda hakykat, söýgi bar,
Taglymat, janly çörek bar.
Hudaýymyň meni öňe äkidip,
Ýolum ýagtyldyp, gökdäki öýüne
Äkitjegini özüm bilýärin.
Rollarda türgenleşmek:
Siziň toparyňyz bir otaga ýygnanýar. Ol ýere Mukaddes Kitap getirmäge siz rugsat bermeýärsiňiz. Goý, gelenleriň hemmesi Ýazgydan ýat tutan aýatlaryny kagyza ýazsyn. Ondan soň siz olaryň ýazan aýatlaryny Mukaddes Kitapdaky asyl nusga bilen deňeşdirersiňiz. Iň soňunda siz Mukaddes Kitapdan näderejedäki uly parçany aldyňyz? Geçirilen synagyň netijesini ara alyp maslahatlaşyň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz haçan hem bolsa Mukaddes Kitap tankydyny eşidipmidiňiz? Mesihi muňa nähili garamaly?
2. Isa Mesihiň köneäht Ýazgylaryny wajyp hasaplandygyna nädip ynamly bolup bolar?
3. Mukaddes Kitap aýatlaryny ýatda saklamak bize nämä gerek?
4. Mukaddes Kitaby uly böleklerde ýat tutmak boýunça düzülen meýilnamalar esasy aýatlary ýat tutmaklygy teklip edýärler. Ýöne tutuş baplary ýat tutmaklyk näme üçin wajypka?
5. Eger birden Ýazgynyň gadagan edilen ýurduna düşseňiz, onda Mukaddes Kitabyň nusgasyny nädip saklap galardyňyz?
15-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: DILEG
Koloseliler 4:2
Wýetnamdaky ruhy çopan Hanyň ýygnagy kommunistik režim döwründe 1970-nji ýyllaryň ahyrynda gysga döwrüň içinde ýigrimi dokuz adamdan bäş müň adama çenli köpelýär. Ruhy çopandan munuň ýaly adaty bolmadyk ösüşiň syrlary barada soranlarynda ol: «Meniň wagyz edişim örän ýönekeýjedir. Özüňizde kynçylyklar ýüze çykyp başlasa, dileg ediň! Eger kynçylyklaryňyz ýene-de köpelse, öňküden-de köp dileg ediň» diýip jogap berýär. Bu ýygnak her gün irden altyda dileg etme ýygnanyşygyna gelýär. Şonuň üçin hem ol ösüp gidýär oturýar. Mesihileriň hemişe dartgynlylyk astynda ýaşaýandygyna garamazdan, olaryň mukaddes jaýynyň diwarynda Mukaddes Kitapdan alnan, gelýänleriň gowy görýän bir aýady, ýagny: «Hemme zat üçin minnetdarlyk bildiriň» diýen aýat asylgy durdy.
Birnäçe ýyllap türmede oturyp çykandan soň ruhy çopan Ha şeýle diýýär: «Men azatlyga çykanymdan soň, pikirimde üznüksiz diýen ýaly dileg edip işledim. Dileg etmek — bu hemme zatdyr. Men munuň şeýle ekenligini türmede gördüm. Dileg etmäniň zerurlygyny, uçar uçmazyndan öň onuň pribor panelini barlamagyň wajyp bolşy bilen deňeşdirse bolar. Eger uçarman pribory barlamasa, onda onuň köp-köp adamlaryň janlaryny howp astyna salmagy ahmal. Biziň durmuşymyzdaky iň wajyp pribor — bu dileg etmekdir. Eger biz ony gowy berjaý etmesek, onda hemme işimiz durşuna bulam-bujar bolar».
Wýetnamly ruhy çopan Kuong türmede alty ýyldan gowrak oturýar. Ol dileg barada şeýle diýýär: «Ozal men iş bilen şeýle bir gümradym welin, hatda dileg etmäge-de wagtym ýokdy. Dileg etmäge türmede köp wagtymyň bolandygy üçin men Hudaýa diýseň minnetdardyryn. Men her gün alty sagat dagy dileg edýärdim. Öz ýygnagymyň her bir agzasyny ýadyma salyp, onuň üçin dileg etmäge ýeterlik wagtym bardy. Şoňa çenli men ýygnakda gulluk etdim, ýöne öz adamlarym üçin dileg etmäge meniň wagtym ýokdy. Ýöne ol ýerde men dileg eden wagtym Hudaýyň barlygyny açyk duýýardym. Dyza çöküp, Rebbe çyn ýürekden dileg etseňiz, derrew Ondan jogap alarsyňyz».
Dünýädäki hemme dinler hem dilegiň deňeşdirip bolmajak derejede wajyplygyny belleýärler. Buddistler öz edýän dilegini kimdir biri eşidýändir öýtmese- de, ony gaýtalap oturýarlar. Induistlerem öz dileglerine jogap berilerine garaşmasalar hem, köp sanly induist hudaýlarynyň biriniň özleriniň edýän dileglerini eşidýändigine ynamly bolýarlar. Musulmanlar günde bäş wagtyna namaz okaýarlar. Olar Allanyň özlerini eşidýändigine ynanýarlar, ýöne şonda-da, özüniň mätäçliklerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen meýilnamasyny üýtgetmeýär.
Wepaly buddistler, induistler we musulmanlar mesihiligi dileg talap etmeýän din hasaplaýarlar, sebäbi olar mesihileriň dileg edýändigini örän seýrek görýärler. Ýöne mesihiler özlerinde diňe bir öz dileglerini eşidýän däl, eýsem olara Özüniň kuwwatly güýji bilen jogap hem berýän Hudaýyň bardygyna ynanýarlar!
Mesihilik ynamynyň özeniniň Köne Ähtde çuň kökleri bardyr. Dawut Ýygnaga baý dileg mirasyny mezmur görnüşinde galdyrypdyr. Häzirki zaman mesihileriniň köpüsi şol mirasy öwrenip, özleriniň dileg durmuşyna täze many berýärler. Ýöne mesihi dileg baradaky iň beýik sapagy Isa Mesihiň durmuşyndan alýar. Şägirtleriniň Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Reb! Bize dileg etmäni öwret» (Luka 11:1) diýişleri ýaly, mesihiler hem nesilme-nesil Isanyň ýanyna gelýärler.
Isa iş ýüzünde-de, söz bilen hem ders berýärdi. Onuň durmuşy dilegde doludy. Dileg etmek üçin Onuň ir säher bilen turandygyny Mukaddes Kitap gürrüň berýär (Markus 1:35 seret). Öz durmuşyndaky her bir wajyp wakanyň öň ýanyndan ýa-da soňundan Isanyň dileg edendigini biz Ýazgynyň hemme ýerinde-de görýäris (Luka 6:6–13; 9:28–29; Matta 14:19; 15:36; Ýahýa 17 seret). Dileg Isanyň durmuşynyň iň wajyp, ölüminiň hem iň ähmiýetli bölegi bolupdy. Getsemani bagyndaky dileginden başlap, haç üstündäki iň soňky dilegine çenli Isa hemişe dileg atmosferasynda hereket etdi.
Onuň dilegli durmuşy şägirtlerine-de uly täsirini ýetirdi. Isa şägirtlerine hem dileg etmegi tabşyrdy (Ýahýa 16:24 seret) we diileg etmeklige degişli bolan köp zatlary öwretdi (Matta 6–7 seret). Şu nusga laýyklykda biz Hudaýy şöhratlandyrmalydyrys, Onuň kämil erkini gözlemelidiris, özümiziň gündelik mätäçliklerimizde Oňa bil baglamalydyrys, Ondan ötünç soramalydyrys, synaga düşen mahalymyz Ondan gorag gözlemelidiris we Ony alkyşlamalydyrys.
Dileg etmede görnüşe (dilegiň görnüşine) garanda niýetiň ýa-da ýüregiň gizlin hyjuwlarynyň has wajypdygyny Isa aýtdy. Siz almaýarsyňyz, sebäbi egoistik höwesleriňizi arap dileýärsiňiz (Ýakup 4:3 seret). Dileg edeniňizde, butparazlaryň edişi ýaly, köpçüligiň içinde etmäň-de, ýekelikde ediň. Şonda gizlinlikdäkini eşidýän Atamyz size sylag berer (Matta 6:5–6 seret).
Isa Mesih şeýle hem, bize haýran galdyryjy artykmaçlygy, ýagny Öz ady bilen dileg etmekligi berdi. Bu oňat netijeleri wada berýän «jadyly formula» däldir. Bu — bize Hudaýyň barlygyna girmäge we Isanyň kabul edilişi ýaly kabul edilmegimize mümkinçilik berýän artykmaçlykdyr!
Isanyň ady bilen dileg etmeklik bolsa, biziň islegimiziň hem maksatlarymyzyň Onuň islegi hem maksatlary bilen gabat gelýändigini aňladýar. Isa hut şu many-da hem: «Meniň adym bilen bir zat dileseňiz berjaý ederin» (Ýahýa 14:14) diýdi. Isa bize bir pursaty aýdyň görkezmek üçin Özüniň iň uly gudratlarynyň birini Lazary ölümden direltmek bilen etdi. Isanyň gözlerini göge dikip: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym» (Ýahýa 11:41–42) diýendigini Ýahýa gürrüň berýär. Üns beriň, Hudaý Isanyň dilegini hemişe-de eşidýär. Isanyň ady bilen edilen her bir dilegi hem Ol edil şunuň ýaly eşidýär.
Isanyň taglymaty örän beýikdir. Hudaýymyz dilegi Öz güýjüni ýüze çykarmagyň serişdesi hökmünde we biziň bilen gatnaşykda bolma hem-de bizde Özüni görkezme islegine esaslanyp ulanýar. Çagalary Özüne Atasy hökmünde ýüzlenenlerinde, Ol Öz maksadyny amala aşyrmaga garşy gönükdirilen ýagdaýlardyr wakalary hem üýtgeder. Ol bakyýetde muny hem wesýet etdi!
Hytaýly mesihilerde ajaýyp bir şygar bar: «Dileg köp — güýç köp, dileg az — güýç az!»
Täzeäht Ýygnagynyň ýönekeý hakykaty göze görnüp duran ýagdaýda onuň dilege bolan garaýşynda ýüze çykýar. Ýygnak wada berlen Mukaddes Ruha garaşyp dileg edýär (Resullaryň işleri 1:14 seret). Iuda Iskariotyň ýerine adam saýlamaly bolanda, bir ýüz ýigrimi mesihi bileleşip, munuň üçin dileg etdi. Mukaddes Ruh öz üstlerine inen wagty, olar ýene dileg etmek üçin ýygnanyşypdylar (Resullaryň işleri 2 seret). Olar bu beýik wakadan soň ýene-de dileg etmeklige gaýdyp geldiler (Resullaryň işleri 2:42 seret). Häkimiýetler özlerine haýbat atanlarynda, olar ýene-de dileg edýärler (Resullaryň işleri 2:23–31 seret).
Resullaryň işleri Kitabynyň 4-nji babyndaky dileg yzarlanma şertlerindäki mesihiler üçin nusgalyk dileg bolup durýandyr. Bu dilegde olar Hudaýyň garaşly bolmadyk ygtyýaryny, yzarlanmalaryň boljakdygy baradaky Mukaddes Kitap pygamberliklerini ykrar edýärler hem ony berlen zat hökmünde kabul edýärler. Olar yzarlanmadan halas edilmegini däl-de, batyrgaýlyk bilen güýç soraýarlar. Üns beriň, Hudaý munuň ýaly dilegden diýseň hoşal boldy-da, oňa iň gorkunç usulda jogap berdi (Resullaryň işleri 4:31 seret).
Irki Ýygnagyň dilege bagly bolandygyny Resullaryň Kitabynyň bütin dowamynda görmek bolýar. Şol döwürde mesihiler her hili ýagdaýa duş gelenlerinde-de, goý bu daşdan yzarlanma bolsun (7:59–60 seret), ýygnagyň içindäki biderek boş jedeller bolsun (6:1–4 seret) ýa-da täze iman edenler üçin Mukaddes Ruhuň güýjüne mätäçlik bolsun (8:14–17 seret), umuman, hemme zatda dileg edipdirler.
Reb öz Ýygnagynyň işinde bir zady üýtgetmek islese, Ol muny dilegiň kömegi bilen edipdir. Ol Petrus dileg edip oturan mahaly, özüni butparazlykdan imana gelen ilkinji imanly adamlaryň ýanyna goýbermek isleginiň bardygyny Petrusa bildirýär (Resullaryň işleri 10:9 seret). Antakiýadaky Ýygnak dileg edip ýörkä, Reb Pawlus bilen Barnabasy Ýygnagyň ilkinji wagyzçylary hökmünde aýryp goýýar (Resulllaryň işleri 13:2–3 seret).
Resul Pawlus öz gullugynyň başyndan ahyryna çenli hemişe dilegde bolmagyň göreldesini görkezdi. Ol dilegi her bir imanly adamyň durmuşynyň iň zerur bölegi hasaplaýardy, şonuň üçin hem öz hatlarynyň hemmesinde dileg barada ýazypdyr. Onuň taglymaty Isanyň gysga taglymatyny ösdürýär we giňeldýär. Resul Pawlusyň hatlaryndaky aşakda görkezilen setirler has-da wajypdyr:
• «Dogada (dilegde) erjellik ediň, şükür edip ägä boluň» (Koloseliler 4:2).
• «Dyngysyz doga (dileg) ediň» (1. Selanikliler 5:17).
• «Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar, patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin» (1 Timoteos 2:1–2).
Pawlusyň yzarlanma şertlerinde işlemekde ullakan tejribesi bardy. Şol sebäpli-de, ol dyngysyz dileg etmekligi maslahat berýär (Resullaryň işleri 16:25 seret). Ol Hudaýyň gudrat bilen halas etmesini başdan geçirýär, şonuň üçin hem Pawlus şol halas bolmanyň öz dilegine berlen jogapdygyna ynanýardy (2 Korintoslylar 1:9–11 seret).
Ýakup hem dilegiň durmuşdaky ähmiýeti barada gürrüň edýär. Ýakup Hudaýyň bize dileglerimize jogap edip, gerek bolan akyldarlygy berjekdigini aýdýar (Ýakup 1:5 seret). Şypa almak üçin hem dileg etmelidigini ol bize aýdýar (Ýakup 5:13–16 seret).
Mukaddes Kitabyň dileg etmek baradaky taglymatyny öwrendigimizçe, dilegiň Hudaý bilen gepleşik bolup durýandygyny görýäris. Mattanyň Hoş Habarynda Isanyň Öz şägirtlerine öwreden nusgawy dilegine (Matta 6:9–13) esaslanyp, Rebbiň dilegini alty bölege bölmek bolar:
1. Öwgi
«Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun».
Biz dileglerimizde Hudaýy öwýäris we merhemeti, rehimi we beren ak patalary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Öwgi bilen minnetdarlyk — biziň Hudaýa ýüzlenmämiziň iň möhüm jähtidir. Hudaý biziň öwgimize mynasypdyr. Ýazgy hem Ony öwmeklige we şöhratlandyrmaklyga bizi hemişe çagyrýar (Zebur 105:1–2; Çykyş 15:11 seret). Hudaý biziň öwgimize mätäç däl, ýöne biziň özümiziň Ony öwmegimiz gerekdir! Biziň öwgimiz — bu öz ýagdaýlarymyz gowulyga garaşmaly däldigini wada beren pursatynda-da, Onuň ygtyýarly güýjüne edýän imanymyzyň subutnamasydyr.
Azar berilme we yzarlanylma şertlerinde ýaşaýan tejribeli mesihiler bilelikde Hudaýy şöhratlandyrmak, ýürekleri öwgä we minnetdarlyga öwürmek üçin bizi köp çagyrýardylar, sebäbi diňe şunuň ýaly edip, Hudaýyň ygtyýaryny ykrar edýäris, Onuň adyny şöhratlandyrýarys we öz-özümizi berkidýäris. Kynçylykly ýagdaýlara garamazdan, Özüne öwgi aýdanymyzda, munuň ýaly imana Hudaýyň hormat goýýandygyna olar şaýatlyk edýärler.
Öwgüli dileglere Hudaýyň adatdan daşary tär bilen jogap beren takyk ýagdaýlarynyň köpüsini sanap geçmek bolar. Ýatda saklaň, Hudaý siziň ýagdaýlaryňyzy üýtgetse-de, üýtgetmese-de, Ol — Hudaýdyr, şonuň üçin-de, Ol biziň öwgimize hem minnetdarlygymyza mynasypdyr!
2. Maksat
«Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn».
Siz dilegde durmuşyňyzyň özüni, maşgalaňyzy, ýygnagyňyzy, işiňizi, geljegiňizi, şäheriňizi, halkyňyzy we bütin dünýäni Hudaýyň erkine berýärsiňiz.
3. Üpjün etme
«Gündelik çöregimizi bize şu gün ber».
Siz dilegde Hudaýdan gündelik mätäçlikleriňizi üpjün etmegini soraýarsyňyz. Ýazgyda bize, ilkinji nobatda, ähli aladalarymyzy Rebbiň üstüne ýüklemegi we hiç zadyň aladasyny etmezligi buýruk berýän aýatlar gaty köpdür.
4. Ötünç
«Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç».
Dilegdäki iň möhüm zatlaryň biri-de, günälerimizi boýun almakdyr. Özümiziň Rebbi ynjydyp günä edýändigimiz sebäpli, eger Öz öňünde günälerimizi boýun alsak, onda Onuň wadasy bizi arassalaýar-da (1 Ýahýa 1:9 seret), uly şatlyk getirýär. Dileg eden mahalymyz, Hudaýyň mukaddes barlygyna girenimizde, Mukaddes Ruha özümiziň Hudaýa ýaramadyk ýerimizi açyp görkezmegine rugsat berýäris. Şonda biz derrewiň özünde günälerimizi boýun alýarys-da, Hudaýyň özümizi bagyşlajakdygyna ynamly bolýarys. Biziň günälerimizi boýun almamyz takyk bolmalydyr. Mundan başga-da, biz ýetiren zelellerimiziň öwezini doldurmaga ýa-da Rebbiň özümize görkezen zadyny dikeltmäge taýýarlygy duýmalydyrys.
5. Adamlar
«Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly …»
Başga adamlar üçin dileg etmeklik — dilegiň örän möhüm bölegidir. Sebäbi bu dilegiň özümizden ötünç soramadyk, indi-de soramajak adamlaryň hemmesini bagyşlama aktydyr (Matta 5:44 seret).
6. Gorag
«Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et»
Biz her gün ruhy uruşlara gatnaşmaly bolýarys. Özüne maýyl ediji zatlaryň hem-de gorkynyň üsti bilen şeýtan sizi ýeňlişe duçar etmäge synanyşýar. Siz özüňiziň goralmagyňyz üçin dileg edeniňizde, bütin günüň dowamynda hemme we her hili ýagdaýlaryň hötdesinden gelmek üçin zerur bolan ynamlylygy alarsyňyz (1 Ýahýa 4:4 seret).
1. Wadalary ýada salyp dileg ediň
Mukaddes Kitapda dileg etmeklige degişli bolan gaty köp wadalar bar. Eger Hudaýyň Sözi dileglere diňe tötänden berilýän jogaplary wada berýän bolsa, onda biz uly utuşy bolan şowly oýna bil baglaýan oýunçy kimin bolardyk. Ýöne Mukaddes Kitap aşakdaky ýaly uly wadalar barada gürrüň edýär:
• «Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin» (Ýahýa 14:13)
• «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» (Matta 7:7)
• «Meni çagyr, Menem saňa jogap bererin, seniň bilmedik beýik hem elýeter bolmadyk zatlaryňy görkezerin» (Ýeremiýa 33:3).
Bu wadalar bizde öz aladalarymyzyň hemmesini Rebbe bermeklige, niýetlerimiziň dogry bolmagyna gözegçilik etmäge isleg döretmelidir (Ýakup 4:3 seret).
2. Mukaddes Ruhuň sesine gulak asyp dileg ediň
Dileg eden wagtymyz Mukaddes Ruhuň gönükdirmesine açyk bolmagymyz diýseň wajyp zatdyr. Ruh bize Hudaýy öwmäge kömek edýär. Ol dileg etmek gerek bolan mätäçliklerimizi ýadymyza salýar. Käwagt Ol dileglerimizde sanap geçen kynçylyklarymyzdyr mätäçliklerimiz bilen baglanyşyklylykda etmesi hökman bolan hereketleri açyk-aýdyň görkezýär (Ýahýa 16:13–14 seret). Köp ýagdaýlarda Ol bizi özümiziň soraglarymyza jogap berýän takyk Mukaddes Kitap aýatlarynyň üstünden alyp barýar. Bu barada Ýakubyň hatynda (1:5) aýratyn hem aýdyň gürrüň edilýär. «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler».
3. Belli bir haýyşlaryňyzyň ýerine ýetjegine bolan ynam bilen dileg ediň
Haýyş dilegi takyk hem ýerine ýetjegine garaşma bilen bolmalydyr. Diňe takyk haýyşlar bize döredijilikli iman şatlygyny getirip biler. Takyk dileg edenimizde, biz öz durmuşymyzdaky, ýygnakdaky, dostlarymyzyň we ýakynlarymyňyz durmuşyndaky mätäçlikleriň kanagatlandyrylandygyny göreris. Rebbiň eden dileglerimize beren jogaplaryny bellemek üçin dileg etmesi gerek bolan dileglerimizi ýazyp goýmak örän peýdaly zatdyr. Elbetde, biziň hemişe dileg etjekdigimiz göz öňünde tutulýar.
Birnäçe mesihiler haýsydyr bir takyk mätäçlikleri kanagatlandyrmagyny Hudaýdan haýyş etmekden gorkýarlar, sebäbi aslynda olar Onuň öz dileglerine jogap bererine garaşmaýarlar. Munuň ýaly adamlaryň imany gowşak bolýar, şonuň üçin hem olar öz dilegleriniň täsirsizdigi barada pikir etmek islemeýärler. Eger biz Ýazgyny öwrensek, onda Hudaýyň özümize garaşma bilen dileg etmegi buýurýanyny göreris. «Munuň üçin size diýýärin, dileg bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler» (Markus 11:24).
Ýeňişli mesihini kesgitlemekdäki ýeke-täk aýgytly häsiýetnama onuň dilegde Hudaý bilen hakyky gürleşip bilme endigi bolar. Mesihilige duşmançylykly bolan režimli şertlere düşen imanlylar topary barada hem şulary aýtsa bolar.
Topar nädip dilegdäki Hudaý bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirip biler? Birinjiden, Mukaddes Kitabyň dileg baradaky aýdýan zatlaryny öwrenmeli. Ýazgyda dileg etmek bilen Hudaýyň güýjüni gören adamlar barada berlen mysallary gowuja öwreniň. Mukaddes Kitap taglymatynyň öz durmuşyňyza täsirini ýetirip bileri ýaly, siz ony ymykly öwrenmelisiňiz. Mukaddes Kitabyň dileg etme baradaky sagdyn taglymaty siziň toparyňyzda hemişe beýan edilmelidir we durmuşda ulanylmalydyr. Köne we Täze Ähtlerde dilegiň imanly adamyň durmuşynda ulanylyşyny görkezýän bahasyna ýetip bolmajak parçalar bar.
Eger mümkin bolsa, dilegdäki ýoldaş hökmünde her bir tejribeli mesihä täze iman eden adamy berkitse gowy bolar. Olar yzygiderli duşuşyp, dileg etmäniň dürli görnüşlerini durmuşda bolşy ýaly, teoriýada-da öwrenmelidir. Imandaky ýaş mesihi taplanan dileg töwellaçysy bolandan soň, başga bir täze iman eden adamyň dileg etmekdäki ýoldaşy bolup biler.
Mesihileriň dileg etmekde güýçli bolmaklary üçin Ýygnak haýsy mätäçlikler üçin dileg etmelidigini bilmekligi öwrenmelidir. Mukaddes Kitapda agyr döwürler üçin dileg edilendigi görkezilendir, şonuň üçin bizi-de olaryň kömegi bilen dileg etmeklige çagyrýarlar. Şeýle-de bolsa, agyr ýagdaýlar köplenç işjeň däl dilegiň netijesi bolýar. Eger özümiziň kiçijik mätäçliklerimizi ullakan kynçylyklara ýazmanka, Rebbiň öňüne getirsek, onda köp agyr ýagdaýlaryň öňüni alarys. Hudaýymyz biziň öwnuk-uşak meselelerimiz bilen gyzyklanmaz ýaly ýagdaýda işli däldir. Ýazgyda Hudaýyň adaty serçejik ýa-da kellämizdäki saçlar ýaly ownuk zatlar bilen hem gyzyklanýandygy aýdylýar.
Käwagt täze imana gelen mesihiler diňe «wajyp» zatlar üçin dileg etmek bolar diýip nädogry pikir edýärler. Öz çagalarynyň durmuşyndaky her bir takyklyk bilen Hudaýymyzyň gyzyklanýandygyny olara görkezmek gerekdir. Hudaýyň wadalaryny hemişe gaýtalap durmaklyk diýseň möhüm zatdyr. Hudaýyň öz dileglerimize jogap berjekdigine biz ynanýarys, sebäbi Onuň Özi şeýle etmeklige wada berdi. Garaşma duýgusy tolgundyryjy duýgy bolup hem biler.
1. Takyk mätäçlikler
Eger durmuşymyzdaky takyk mätäçlikler üçin dileg edip, öz haýyşlarymyzy takyk Mukaddes Kitap wadalaryna esaslandyrsak, onda dileglerimize alan jogaplarymyz imanymyzy berkider. Takyk dileg edip, dileg mätäçliklerini ýazyp almaklyk, ine, näme üçin şeýle wajyp eken. Imana täze gelen mesihiler Hudaý imanly adamlaryň takyk dileglerine jogap berende, bu ýagdaýy haýran galmak bilen kabul edýärler! Munuň ýaly şaýatlyklar olaryň öz dileglerine-de Hudaýyň jogap bererine bil baglap dileg etmeklerine mümkinçilik berýär.
Mätäçlikler bilen islegleriň arasyndaky tapawuda düşünmek hökmandyr. Köp ejiz mesihiler bu tapawuda düşünmeýärler. Olar öz isleglerini Hudaýyň ýerine ýetirmegini talap edýärler, ýöne Hudaý olar üçin nämäniň peýdalydygyny bilýär, şonuň üçin köp ýagdaýlarda olaryň soran zatlaryny bermeýär. Netijede olar lapykeçlige düşüp, duşmanyň ýeňil oljasy bolýarlar.
Wýetnam urşy döwründe raketaly hüjüm edilen wagty Reb bir ýaş esgere mesihilerden hiç kimiň gurban bolmajakdygyna ynam berýär, ýöne birnäçe wagt geçenden soň, dileg edýän esgerleriň biri agyr ýaralanýar. Ol esger hatda top okunyň degip ýaralan aýagynyň agyrysy janyny alyp barýan bolsa hem, hiç kimiň ölmändigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Esgeriň agyr ýaradan ejir çekmese has-da şat boljakdygy göze dürtülip duran zat, ýöne Reb bu ýagdaýy birnäçe täze imana gelen esgerleriň imanyny berkitmek üçin ulandy.
2. Görnüş
Dileg eden mahalymyz biz nähili ýagdaýda bolmaly? Mukaddes Kitapda dileg eden mahaly başyny egip duran (Gelip çykyş 24:26 seret), dyza çöküp duran (1 Patyşalyklar 8:54 seret), Rebbiň öňünde ýüzin ýatylan (Matta 26:39 seret) pursatlary görkezilýär. Ýöne adamyň nähili ýagdaýda durandygynyň wajyp däldigi aýdyň görnüp durandyr. Mysal üçin, biz Nehemiýanyň kitabynda patyşanyň sorag bilen ýüzlenen adamsynyň jogap bermezden öň derrew dileg edenini görýäris. Ol adam haýsy-da bolsa bir görnüşde durmady, ýüzüne wajyplyk keşbini bermedi. Ol ýöne bir gysgaça dileg etdi. Reb şonda-da onuň dilegini eşitdi-de, oňa jogap berdi.
Yzarlanma şertlerinde bolan köp mesihiler dileg etmäniň şunuň ýaly görnüşiniň diýseň peýdaly bolup biljegini görüpdirler. Kyn ýagdaýlara düşenimizde, ýüregimiziň jümmüşinde Rebbiň adyny tutup çagyrsak, Onuň özümizi eşitjegini biz bilýäris. Köplenç beýlekiler hem özümiz bilen bile dileg eder ýaly, sesli dileg etmeklik peýdaly bolýar. Emma içiňden dileg etmegi öwrenmek hem edil şunuň ýaly wajypdyr. Nehemiýanyň patyşa jogap bermezinden öň eden gysgajyk dilegi, elbetde, sessiz dileg etme bolupdy.
Käwagt gowusy hyjuw bilen, ýöne sessiz dileg etmelidigini Ýygnak bilmelidir. Eşitdirilip, açyk edilýän dilegi häkimiýet wekilleriniň eşidip, içden degerli çäreleri görmekleri mümkin. Ýüregiň jümmüşindäki islegleri aňladýan pynhan dileg Rebbe hiç bir päsgelçiliksiz ýetirilip bilner. Atyzda işläp ýören ýeriňde-de, awtobusda duran wagtyň hem, hatda her hili syýasy ýygnaklarda bolan wagtyň hem dileg etmek bolar.
3. Sabyrlylyk we tutanýerlilik
Ýygnak ýene bir sapagy özleşdirmelidir. Bu sapak Sabyrly dileg etmeklikde jemlenendir. Hudaý biziň mätäçliklerimizi «öz wagtynda» kanagatlandyrýar (Galatýalylar 6:9 seret). Mesihiler köplenç soramakdan ýadaýarlar-da, ýan berýärler. Mesihiler munuň ýaly yza çekilmäni, eger Hudaý biziň dileglerimize jogap bermeýän bolsa, onda bu biziň Onuň islegine görä soramaýandygymyzy aňladýar diýmek bilen aklamak isleýärler. Ýatda saklaň, Hudaý biziň dileglerimize jogap hökmünde:
• Öz adynyň hatyrasyna soran ähli zatlarymyzy berip bilýär;
• eden haýyşlarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ony yza çekip bilýär (hemme zady başyndan ahyryna çenli diňe Ol görüp bilýär);
• boýun towlap, «ýok» diýip bilýär, sebäbi biz özümize gerek däl zady soraýarys;
• başga, has gowrak jogaby berip bilýär.
Isa bizi dilegde tutanýerli bolmaklyga çagyrdy (Luka 11:5–8 seret). Bu Hudaýyň biziň mätäçliklerimizi kanagatlandyrmak, özümiziň hem Ony haýyşlarymyzy ýerine ýetirmäge yrjak bolýandygymyzy aňlatmaýar. Gaýtam, tersine, ýagdaýa diňe Hudaýyň doly düşünýändigini, oňa haçan we nädip jogap bermelidigini Onuň bilýänligini aňladýar. Diňe ýüregimizde Rebden gelen ynamlylyk bar bolanda, biz takyk ýagdaýlar üçin dileg etmämizi bes edip bileris. Geliň, Şamuwel bilen bilelikde: «Dileg etmämi goýup, özümiň Rebbiň öňünde günä etmegime ýol bermerin» (Şamuweliň 1-nji kitaby 12:23) diýeliň.
Mesihiler dileg edensoňlar köp ruhdan düşýärler, sebäbi Hudaýyň özlerine eýýäm jogap berendigine düşünmeýärler. Käwagt beýle bolmagynyň sebäbi, dilegleriniň takyk häsiýetiniň bolmanlygy sebäpli ýa-da öz dileglerine Hudaýyň nähili jogap bermelidigini özleriniň hem bilmedik ýagdaýynda bolýar. Belki, olar öz düşen ýagdaýlaryny diňe açyk we göze görnüp duran gudrat çözer diýip pikirlenýändirler.
Reb welin, ýagdaýlary mätäçlikleriň öz-özünden aýrylyp gideri ýaly hem edip bilýär. Tejribeli mesihiler gündelik durmuşdaky ýagdaýlaryň we wakalaryň hem Hudaýyň erki bilen bolýandygyna düşünmelidirler. Bu howsalaly we howply dünýäde biziň derwaýys çöregimiziň barlygy, hopwsuzlykdadygymyzyň özi-de, eýýäm Hudaýyň gudraty bolup durýandyr. Geliň, dileglerimize nähili jogap bermelidigini Hudaýa öwredip durmalyň. Gaýtam, özümiz üçin gündelik edýän aladalaryna minnetdarlyk bildireliň. Bir köne hem paýhasly jümlä gulak asyň: «Hudaý Öz saýlawyna kaýyl bolýanlara iň gowy zatlary berýändir».
4. Belli bir maksada gönükdirilen dileg we gatnaşyk dilegi
Köp toparlardan ybarat bolan dünýädäki iň uly ýygnagyň runy çopany doktor Ço hem dilegiň uly ähmiýeti barada köp gürrüň berýär. Koreýadaky ösüp barýan ýygnagyň ruhy çopany bolan Ço gün içinde hiç bolmanda bäş sagat hökman dileg etmek gerek diýip hasaplaýar.
Ol dilegi — takyk maksatly dileg we gatnaşyk dilegi diýen — iki görnüşe bölýär. Görnüşleriň ikisi-de wajyp, ýöne belli bir maksada gönükdirilen dileg agyr zähmet bolýar hem-de köp güýç sarp edilmegini talap edýär. Güýçli edilýän bu dileg töwellaçylyk dilegine meňzeş bolup, adatça gyssagly mätäçliklere gönükdirilýär (Ýakup 5:16 seret).
Ine, takyk maksatly dilegiň yzygiderliligi:
• takyk maksady goýuň-da, bar ünsüňizi şonda jemläň;
• ýönekeý sözleri ulanyň;
• öz ýüregiňiziň bar duýgusydyr güýjüni bir ýere toplaň;
• tutanýerli boluň (Luka 18:1–8 seret).
Hytaýdaky mesihiler dileg edenlerinde dilegiň hut şu görnüşini ulanýarlar. Aşakda mesihileriň ýer ýüzünden ýigrimi bäş fut aşakda ýerleşýän gowakda geçiren bir ýygnanyşygy suratlandyrylýar. Üç sagat dowam eden ýygnanyşykdan soň olar gözlerini ýaşa dolduryp dileg edip başladylar. Olaryň gözýaşlary ýaňaklaryndan syrygýardy, ýöne muňa hiç kim hiç hili üns bermeýärdi. Olaryň ýürekleri Mesihiň ýüzüne bütin durky bilen öwrülipdi welin, hatda özleriniň tolgundyryjy ýagdaýlary-da ýatlaryna düşenokdy. Aýal doganlaryň biri aýak üstünde durup, bir mesihiniň, ýagny öz ýigidiniň türmeden boşadylmagy üçin ýalbaryp, kyrk bäş minutlap dileg etdi.Ýygnanyşyga çenli ol köp günläp oraza tutýar hem-de öz ýygnagynyň işi baradaky maglumaty häkimiýete bermekden boýun towlaýar.
5. Duşmançylykly ýagdaýda
Duşmançylykly ýagdaýa düşen Ýygnak dileg etmeklige örän köp wagtyny sarp etmelidir. Dileg etmek üçin hepdede bary-ýogy ýekeje gezek ýygnanyşyp, mesihiler uly ýalňyşlyk goýberýärler. Bu ýygnanyşykda özüňiziň dileg mätäçligiňizi habar bermek, dilegleriňize berlen jogaplara şatlanmak we bilelikdäki dilegde birleşmek bolýar. Eger mesihiler her ýygnanyşykda mesihiniň durmuşynyň diýseň wajyp bolan şu jähtine köp wagt bölüp goýup bilseler, gaty gowy bolardy. Mesihileriň, hatda resmi däl duşuşyklaryna hem bilelikde dileg etmek üçin berlen mümkinçilik hökmünde garamalydyr.
Eger özüniň iş meýilnamasyna uly bolmadyk toparlar üçin hepdelik dileg ediş ýygnanyşyklaryny hem goşsalar, mesihileri aýratynlykda her gün dileg etmeklige çagyrsalar, onda Ýygnaklaryň paýhasly hereket etdigi bolardy. Azat dünýädäki käbir Ýygnaklar hepde içinde birnäçe gezek dürli öýlerdäki kiçi toparlarda däl-de, umumyýygnak dileg ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin mesihileri ýygnaýar. Netijede, ýygnagyň adaty agzalary ýolbaşçylaryň borçlaryny ýerine ýetirýärler, imanlylaryň şahsy gatnaşyk derejesi ýokarlanýar, ýaş mesihiler bolsa, resmi ýygnak binasyndan daşarda hem Rebbiň bar bolup bilýändigine akyl ýetirip başlaýarlar.
Geografik etraplardaky öý dileg ediş toparlaryna gönükdirilen goşmaça hökmünde ýygnak şol ýygnanyşyklaryň arasyndaky, mysal üçin, öý hojalykçy aýallar, fermerler, talyplar, işçiler üçin dileg ediş duşuşyklaryny gurap biler. Eger yzarlanma döwründe ýygnak urgy astyna düşse-de, şunuň ýaly dürli ugurlarda dileg etmegi öwrenen mesihiler dileg etmekligi bes etmezler. Hatda mesihiler dargasalar-da, poçtanyň kömegi bilen özara dileg haýyşlaryny we dileglerine alan jogaplaryny paýlaşyp bilerler. Bu barada hat ýazmak aňsat. Hatlar häkimiýetiň ünsüni känbir özüne çekip durmaýar.
Mesihi maşgalasynyň dileg durmuşy esasy ruhy güýç bolmaklygyna-da galýar. Ýerli Bedeni dargatmak bilen şeýtan wagtlaýyn ýeňiş gazanan bolsa-da, maşgala özüniň işjeň dileg etmesini hiç bir päsgelçiliksiz dowam etdirip biler.
Türmä düşen ýa-da sürgüne iberilen käbir mesihiler öz güýçleriniň çeşmesiniň dileg bolup durýandygyna şahsy tejribesinde göz ýetirdiler. Şunuň ýaly jebir çeken ýa-da gynalan mesihileriň öz şaýatlyklary bilen tolgundyryjy tejribeleri hakda köp kitaplar ýazylandyr. Dileg — her bir mesihiniň ruhy tejribesidir. Ol onuň iň beýik we iň güýçli ruhy tejribesidir. Netijeli dileg, gürrüňsiz, iň beýik sapak bolup durýandyr. Bu sapagy islendik mesihi-de özleşdirip bilýändir.
6. Özüňizi yzarlaýanlar üçin edilýän dileg
Yzarlanylýan Ýygnagyň özleşdirmeli bolan ýene-de bir beýik sapaklarynyň biri-de, özlerini yzarlaýanlar üçin dileg etme wajyplygynda jemlenendir. Bu düzgün öz duşmanyňy söýme talaby bilen meňzeşdir. Hudaýyň şunuň ýaly görnüşli dileglere hormat goýýandygynyň mysalyny näçe diýseň getirip bolar.
Noski ozal Filippiniň gündogar böleginde imam bolupdyr. Ol musulmançylyga berlen adam bolupdyr, şonuň üçin hem uly bolmadyk toparda mynasyp bolan hormatyndan peýdalanýardy. Bir gezek ol balyk tutma ekspedisiýasyndan gelenden soň, özüniň iki gyzynyň mesihiligi kabul edendigini bilýär-de, gazap atyna atlanýar. Gyzlarynyň gatnaşýan toparynyň öňünde özüne nähili ysnat getirenine ol gaty gowy düşünýärdi. Ol gazap donuny geýip, täze imandan el çekerler diýen umyt bilen gyzlaryny erbet ýençýär. Ýöne gyzlary öz pikirlerine wepalylygyna galýarlar. Olar kakasyny gowy görýärdiler. Hudaýyň öňünde mümkin bolmajak hiç bir zadyň ýokdugyny-da bilýärdiler, şonuň üçin olar kakasynyň imana gelmegi üçin dileg edip başlaýarlar.
Birnäçe wagt geçenden soň, balyk tutýan gäminiň üstünde işläp otyrka, Noski aşgazanyny deşip barýan agyryny duýýar. Agyry gitdigiçe güýçlendi, garny-da edil howa şary ýaly çişdi. Noski janserek bolup çyrlaberdi. Ol doga okady, ýöne peýda etmedi. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşenden soň, öz gyzlarynyň Hudaýyna, Isa Mesihe ýüzlendi, şol bada-da şypa aldy.
Noski bu wakadan soň täze adam boldy. Ol öz ýüregini Isa Mesihe berip, Onuň Rebdigini ykrar etdi. Bu günki günde ol mirýanlylaryň ýolbaşçysy bolup gulluk edýär, gyzlary hem oňa kömek edýär.
Oraza — güýçli dileg etmek bilen deň derejede bolan wajyp ruhy ulgamdyr. Geliň, bu mowzugy köp berilýän soraglara berlen jogaplaryň üsti bilen derňäliň.
1. Oraza tutup dileg etmek nämäni aňladýar?
Oraza tutmak — Hudaýy birinji ýerde goýmakdyr. Oraza — bu haýsydyr bir takyk mesele ýa-da ýagdaý üçin dileg etjek bolup, durmuşymyzyň endige öwrülen ugruny üýtgetmelidigine ýüregimiziň berýän buýrugydyr. Ol iýmitden saklanmaklygy, käbir ýagdaýlarda bolsa, bar pikirimizi diňe Hudaýda jemläp bilerimiz, ruhy meselelere has duýgur bolarymyz ýaly, suw içmeden hem saklanmaklygy aňladýar. Oraza — şeýle hem, — hawa, ýok, garaş ýa-da başga bir — jogaby alýançaňyz tutanýerlilik bilen edilýän dilegdir.
2. «Oraza» Mukaddes Kitap düşünjesimidir?
Geliň, aşakylar barada oýlanalyň:
• Musa kyrk günden iki gezek oraza tutdy (Çykyş 34:28 seret);
• Danyýel ýigrimi bir günüň dowamynda oraza tutdy (onuň orazasy bölekleýin bolupdy) (Danyýel 10:3 seret).
• Ýowel imanly adamlary oraza gününi bellemeklige çagyrdy (Ýowel 1:14; 2:12 seret);
• Ezra oraza we agy wagtynda ýekelikde boldy (Ezra 10:6 seret);
• Ylýas kyrk günüň dowamynda oraza tutdy (1 Patyşalyklar 19:8);
• Antakiýadaky ýygnagyň ýolbaşçylary oraza tutdylar (Resullaryň işleri 13:2–3 seret);
• Isa kyrk günüň dowamynda oraza tutdy (Luka 4:2 seret);
• Pawlus bilen Barnabas oraza tutdular (Resullaryň işleri 14:23; 27:33 seret).
Esasynda oraza ýüregimizi Hudaýa berýändigimizi, günälerimizi boýun alýandygymyzy, täzeden Rebbe öwrülýändigimizi aňladýar (Ýowel 2:12–13 seret). Mattanyň Hoş Habarynda (6:16–18) Isa Öz şägirtlerine oraza tutan wagtlarynda näme etmelidigini öwredýär. Isanyň Öz şägirtlerini oraza tutmaga hiç haçan hem çagyrmandygyny bellemeklik gyzykly zat bolsa gerek. Sebäbi Ol imanly adamyň oraza tutmalydygyny öz-özünden düşnükli hasaplapdyr.
3. Orazanyň dürli görnüşleri barmyka?
Birinjiden, adaty oraza tutulyş bar. Onda siz belli bir wagtyň dowamynda gaty iýmit iýmän, (köp bolanda kyrk günläp) diňe suw içýärsiňiz.
Ikinjiden, doly oraza bar. Onda siz belli bir wagtyň dowamynda (adatça üç günden köp bolmadyk wagtda) hiç hili iýmit iýmeýärsiňiz, suwam içmeýärsiňiz.
Orazanyň üçünji görnüşi — bölekleýin orazadyr. Onda siz belli bir wagtyň dowamynda haýsydyr bir takyk iýmitleri, mysal üçin, süýji iýmitleri iýmekden saklanýarsyňyz ýa-da az mukdarda iýip içýärsiňiz. Bölekleýin orazany her kim özüçe tutýar. Mysal üçin, käbirleri diňe çörek iýip, suw içme kararyna gelýärler.
4. Oraza döwri üçin berilýän maslahatlar
Oraza tutmaga başlamazyňyzdan öňürti lukman bilen maslahatlaşyň. Ýürek agyrysy ýa-da süýji keseli bolan adamlara oraza tutmaklyk maslahat berilmeýär.
Öz organizmiňiziň galyndylardan öz wagtynda we ýeterlik mukdarda saplanmagyna gözegçilik ediň.
Adaty oraza döwründe adamlar her dürli suwuklyklary içýärler. Siz hem düşbüligiňiz näme diýse, şony ediň. Oraza tutýan wagtyňyz köpräk suw içiň (himiki garyndylary bolan, mysal üçin, hlorly ýa-da ftorly suwy içmezlige çalşyň).
Adatça orazanyň ilkinji üç güni kyn geçýär.
Suw içmän oraza tutmagy üç günden artyk dowam etdirmäň.
Eger orazaňyz uzak dowam edýän bolsa, onda siziň bilen bile beýleki mesihiler hem oraza tutsalar, birneme aňsadrak bolardy.
Eger adaty işiňiz ýa-da okuwyňyz wagtynda oraza tutýan bolsaňyz, nahar iýilmeli wagtyňyzy dileg etmek üçin ulanaýyň. Mümkin boldugyça köp dileg etmeklige çalşyň.
Aşakda oraza tutup dileg etme gününi nädip meýilleşdirmelidigi barada birnäçe teklipler berilýär. Bu tekliplerden özüňizi we toparyňyzyň agzalaryny goldamak üçin peýdalanyň.
1. Haýsy-da bolsa bir nahary iýmezlikden başlaň. Mysal üçin, ertirligi aý-da günortanlyk naharyny, bolmasa-da, agşamlyk naharyny iýmän bilersiňiz. Eger ýarym gün iýmitsiz oňup bilýän bolsaňyz, indiki gezek iýmän ýörülýän wagty uzaltsa-da bolar.
2. Eliňize depder, Mukaddes Kitap, ruçka, eger isleseňiz, gowuja ruhy kitaby alyň. Özüňize telefonsyz we hiç kim azar bermez ýaly ýer tapyň. Ýekelikde dileg etmeklige näçeräk wagt sarp etjekdigiňizi öňünden kesgitläň-de, şol çözgüdiňizi ýerine ýetirjek boluň.
3. Rebbe öwgi aýtmakdan we Oňa sežde etmekden başlaň. Soň hem Onuň barlygynda ýöne bir rahatlyk tapyň.
4. Eger aňyňyz bulaşyp, näme işleri etmegiň gerekdigi barada pikirlenmegi dowam etdirýän bolsaňyz, onda öz meýilnamalaryňyzy bir kagyza ýazyň. Bu size işlerden ünsüňizi bölüp, ruhy meselelerde pikiriňizi jemlemeklige hemaýat eder.
5. Mukaddes Kitabyň haýsy hem bolsa bir Kitabyny saýlap alyp, ony başyndan okap başlaň. Howlukmaň. Ony aýatma-aýat okaň. Belli bir aýadyň üsti bilen özüňize näme diýmek isleýändigini Rebden soraň. Reb üçin hem dileg ediň. Soň yzyndaky aýada geçiň. Depderiňize Rebbiň özüňize aýdan zatlarynyň hemmesini ýazyň.
6. Mukaddes Kitap bilen bir sagat dagy meşgullananyňyzdan soň, göni dileg etmeklige gelip bilersiňiz. Muny günäleriňizi boýun almakdan başlaň. Şol mahal şahsy, maşgala ýa-da ýygnanyşyk dogrusyndaky mätäçlikleriňizi takyk aýdyň. Soň başga adamlar üçin töwellaçylyk dilegini edip başlaň. Howlukmazlyk gaty hökmandyr. Esasy zat — bu Reb bilen gürleşmekdir.
7. Aýratyn wajyp we gyssagly bolan işler üçin dileg etmeklige aýratyn wagt bölüp goýuň hem-de bu işde Rebbiň gönükdirmesini gözläň.
8. Mukaddes Kitaby öwreniň-de, sapaklaryň birmeňzeşliginden ýadamazyňyz ýaly, nobat boýunça dileg ediň. Şonda ruhy kitaplardan birnäçe baby hem okap bilersiňiz.
9. Eger birhili gowşaklyk duýýan bolsaňyz, birazrak ýatsaňyz hem bolar. Şonda günüň ahyrynda siz özüňizi şähdaçyk hem dynjyny gowuja alan ýagdaýda duýarsyňyz. Soň hem ýene-de öz işiňizi edip başlaberersiňiz.
10. Eger mümkinçilik bolsa, günüň dowamynda wagtal-wagtal gowuja, ruhlandyryjy ruhy aýdymlary diňleseňiz gowy bolar.
Biziň şu wagtjyk gürrüňini eden bir günlük orazamyzdan başga-da, köp mesihiler durmuşda üç günlük, ýedi günlük we kyrk günlük orazalary tutmaklyga synanyşýarlar.
Ahyrynda hem:
Ol bir zatlar etmek üçin güýç diledi,
Ýöne sabyrlylyk üçin ejizlik aldy.
Ol beýik işleri etmek üçin saglyk diledi,
Ýöne beýik mowzuklar üçin kesel aldy.
Ol adamlary ýeňmek üçin ygtyýar diledi,
Ýöne Hudaýy gözlemegi üçin güýçsüzlik aldy.
Ol aladasyz bolmak üçin baýlyk diledi,
Ýöne paýhasly bolary ýaly, garyplyk aldy.
Ol durmuşda şatlanar ýaly, hemme zady diledi,
Ýöne hemme zada şatlanar ýaly, ýaşaýyş aldy.
Ol dilän zatlarynyň hiç birini-de almady.
Ol umyt eden zadyndan-da has uly zady aldy.
Ol dilegine jogap aldy!
Ol ak pataly adam boldy!
Rollarda türgenleşmek
Siz bir toparyň ýolbaşçysy, şonuň üçin hem oraza tutup dileg etmeli güni meýilleşdirýärsiňiz. Özüňize we toparyňyza has bähbitli bolup biläýjek dürli usullary ara alyp maslahatlaşyň we meýilleşdiriň. Ýokarda sanalyp geçilen teklipleriň hemmesini ýerine ýetirmek mümkin bolar ýaly ýerde duşuşyp, bile dileg etmekligi meýilleşdiriň. Goý, takyk mätäçlikler üçin dileg eden mahalyňyz Mukaddes Ruhuň sylaglary görünsin.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Biziň dileglerimiz haýsy sebäbe görä netijesiz bolup biler?
2. Pawlus bize «dyngysyz doga (dileg) etmekligi» buýruk berende, nämäni göz öňünde tutdy (1 Selanikliler 5:17)? Munuň ýaly etmek mümkinmi?
3. Dileg mätäçliklerini ýazmaklyk nädip biziň imanymyzy berkidip biler? Siz özüňiziň dileg mätäçlikleriňizi ýazmaga taýýarmy?
4. Hudaýyň öz dilegleriňize jogap beren gezegi boldumy? Olar barada gürrüň beriň.
5. Dilegleriňize jogap berilmezligine ýa-da öz garaşyşyňyzdan başgaça jogap berilmegine nähili garamaly?
V-NJI BÖLÜM
Taýýarlyk
16-njy bap
DOGRULYKDA ÖSMEK
1 Korintoslylar 9:25
Rumyniýaly ýaş mesihini sorag etmek üçin polisiýanyň gizlin bölümine çagyrýarlar. Ol bu pursatdan gaty gorkýardy! Ony elhenç gorky gaplap aldy, şonuň üçin hem özüniň imandaky doganlaryny satma teklibinden asla boýun towlap bilmedi, sebäbi oňa howpsuzlyk teklip edipdiler. Ýöne ol bu teklip bilen ylalaşyp hem bilmedi. Özüniň yraň atyp durandygy baradaky faktyň özi-de onda bagryňy diliji ejir döretdi.
Şol gije ol gorky we günä duýgusyndan ýaňa uklap bilmedi. Ertesi gün ir bilen Mukaddes Ruhuň gönükdirmesi boýunça onuň maşgalasyna bir tejribeli mesihi myhmançylyga geldi. Mesihdäki uly bolan bu dogan ýaş ýigidiň öňünde duran saýlaw barada hiç zat bilmeýärdi. Ol ozal öz imany sebäpli türmede oturyp görüpdi, şonuň üçin hem Ýazgydan şol ýagdaýa gabat gelýän aýatlary tapmagy başardy. Ol gürrüňdeşlikde ony goldady hem kyn iman synagyna taýýarlady.
Synag ertesi güni, ýagny ýaş ýigidi ýene-de sorag etmeklige çagyranlarynda gelip ýetdi. Emma hemme zat ýene-de täzeden gaýtalandy. Ýigit hem ýene-de güýçli özünden göwni geçme duýgusyny duýdy. Uly ýaşly mesihi dogan ýene-de oňa kömek etme we ruhlandyrmak üçin gelýär.
Ýene üç gün geçdi. Her günem ýigidi sorag etmäge çagyrýarlar. Ahyrsoňunda, ýaş mesihi polisiýanyň teklibinden çürt-kesik boýun towlamagy başardy. Polisiýanyň ýigide garşy hiç hili garşylygy bolmany üçin ony goýberýärler. Paýhasly maslahatlar, dilegler we sabyrly alada synagy ýeňip geçmäge we dogrulykda ösmäge ýigide kömek etdi.
«Taýynlamak» ýa-da «taýýarlamak» işligi bilen beýan edilen düşünjäni dürli usullar bilen düşündirmek bolar:
• türgenleşdirmek, praktiki kurs geçmek;
• belli bir iş ýa-da maksat üçin ýaramly etmek;
• çagany ösdürmek ýa-da terbiýelemek;
• beýleki adamlara gulak asmaklygy öwretmek, bildirmek.
Günbatar ýurtlarynda taýýarlyga esasan-da belli bir maglumaty ýa-da bilimi almak boýunça baha berilýär. «Taýýarlyk» düşünjesiniň çäklerindäki terbiýeçilik meselesi asla ýok diýen ýalydyr. Ýazgyda şunuň bilen ýakyn manyly bolan «nesihat berme» ýa-da «öwretme» düşünjesi diňe bir bilim bermekligi däl-de, onuň bilen birlikde terbiýeleme döwrüni hem göz öňünde tutýar. Bu many Süleýmanyň pähimleri Kitabynda-da bolşy ýaly, aşakdaky böleklerde-de köp gezekler tassyklanylýar.
• «…dogrulykda terbiýelemek…» (2 Timoteos 3:16);
• «…Hudaýyň hemme ynsanlara gutulyş getiren merhemeti äşgär boldy. Bu merhemet bize…öwredýär» (Titus 2:11–13);
• «… Reb söýýänini terbiýeleýändir…» (Ýewreýler 12:6).
Resul Pawlus Rimlilere hatynda azar berilme bilen yzalanylmanyň adamy taýýarlama işinde degerli element bolup durýandygyny belleýär:
Diňe munuň bilen hem däl, eýsem muşakgatlar bilen-de magtanýarys; çünki muşakgatyň çydamy, çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýänini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr (Rimliler 5:3–5).
Mukaddes Kitap bütewiligini saklamak üçin, geliň, taýýarlama düşünjesine, Hudaýyň gönükdirmesine gulak asyjy we duşmanyň hilelerine garşy durmaga ukyply bolar ýaly, adamyň terbiýelenme döwrüni geçýän öňden ýazylan ýa-da öňden taýýarlanylan dogrulyk kursy hökmünde garalyň.
Goşun gullugyna çagyrylan ýa-da harby gulluga başlan, ýa-da özüni haýsy-da bolsa bir işe meýletin bagyş eden adam, özleriniň saýlanylan işine taýýarlamaklaryna garaşmaga haklydyr. Hünärleriň käbir görnüşlerinde munuň ýaly taýýarlyk «şagirtçilik» diýlip atlandyrylýar. Medisinada bu internatura bolýar, harby işde bolsa umumy taýýarlyk bolýar. Bizem Ýazgyda şägirtçilik barada ýazylan zatlara duş gelýäris. Emma biziň günlerimizde wagtyň ýetmezçiligi ýa-da öňde goýlan meseläniň wajyplygyna doly düşünilmäni sebäpli, mesihileri taýýarlama döwri äsgermezçilik edilýär. Munuň ýaly garaýyş Isanyň saýlama we Öz şägirtlerini taýýarlama bolan garaýşyna düýpgöter garşy bolýar.
Isa şägirtlerini Özüniň ýanynda bolmaklyga çagyranyndan soň, olaryň «adam tutujylar» bolmagy üçin özlerini Mesihiň yzyna eýermäge bagyş etmeklige çagyrdy. Soň Isa olary şol gulluga taýýarlamaga başlady.
Hudaýyň dogrulyk Patyşalygynda hyzmatkär esger bolmak üçin, adam ilki bilen hyzmatkär esger bolup ýetişmelidir!
Hyzmatkär esger bolmaklyk şol adamy taýýarlamanyň maksadydyr. Bu taýýarlykda Isa Mesihiň meýletin şägirdi bolup ýetişmegiň wajyplygy bellenilýär. Özüňi taýýarlyksyz bagyş etmeklik ýa-da lapykeçlige getirer, ýa-da kanagatlanarsyzlyk duýgusyny döreder.
Nädip hyzmatkär bolup ýetişmelidigine we Hudaýyň Patyşalygyndaky esger hökmünde özüňi nähili alyp barmalydygyna düşünmek üçin Isa Mesihiň Mattanyň Hoş Habarynda (5:3–12) berlen Dagdaky wagzynda agzalyp geçilýän bagtlylyk tabşyryklaryna ýüzlenmegimiz gerek.
Bu tabşyryklaryň musulman ýurtlaryndaky mesihiler üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Olar güýçli çäklendirilme we mahrum edilme şertlerinde ýaşaýarlar. Olara ikinji derejeli adamlar hökmünde garaýarlar. Olaryň üstlerinden gülýärler we olary ýigrenýärler. Olar köplenç gorky içinde bolýarlar hem yzarlanylmalara duçar edilýärler. Bu tabşyryklarda olar üçin goldaw sözleri hem-de günleriň birinde hemme zadyň öz ornuna goýlan ýerine barjakdyklaryna bolan umyt saklanylýar.
Malaýziýa we Indoneziýa ýaly ýurtlarda azatlyk köpräk bar, durmuş hem gaty bir kyn däl, ýöne şonda-da yzarlanmalar şol ýerlerde bolup durýar. Pakistan ýaly beýleki käbir ýurtlarda mesihiler adamyň esasy hukuklarynyň köpüsinden mahrum edilipdir. Saud Arabystanda, Müsürde, Eýranda, Sudanda, Nigeriýada, Marokkoda hem ýagdaý takmynan şeýleräk, ýöne mesihileriň azar görme derejesi dürli. Isa olaryň hemmesi üçin hem Öz hatyny teklip edýär.
Bagtlylygyň sekiz tabşyrygynyň hemmesi-de, «bilimi», munuň netijesinde hem «ýerine ýetirmegi» aňladýan manysynda iki taraplaýyn tebigata eýedir. Isanyň tabşyryklary — bu filosofiki maksimlerdir. Olary ýatda saklama we olar hakda dogry pikirlenmegi başarmak gerekdir.
Bagtlylyk tabşyryklarynyň ilkinji dördüsi Rebbe gulluk etmäge taýýar bolan mesihiniň kalbynyň kämilleşmegine bilgeşleýin güýçli üns berýär. Olara Reb Isa Mesihiň diýen ediji hyzmatkärleri bolup ýetişmeklige alyp barýan yzygider dört ädim görnüşinde garamak bolar.
Dogrulyga ajygyp-suwsanlar
Ýumşak adamlar
Aglaýanlar
Ruhy garyplar
1. Ruhy garyplar
Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr (Matta 5:3).
Ruhy garyplar özleriniň ruhy taýdan garypdyklaryny boýun alýarlar. Adamlar şahsy durmuşynyň hötdesinden geler ýaly öz güýjüniň, çeşmesiniň ýa-da resursynyň düýbünden ýoklugyna akyl ýetirenlerinde, ruhy garyplygyny boýun alýarlar. Şunuň ýaly adamlar Hudaýdan güýç alýarlar. Munuň ýaly hereket adamy bu dünýäniň material başlangyçlary bilen ysnyşyklylykdan halas edip, diňe Hudaýa we göge bil baglamaklyga kömek edýär.
«Garyp» sözi kemsidiji we hemme taraplaýyn hor-homsulygy aňladýar. Şu görnüşli garyplyk gurbatdan gaçyp dyza çökýär. Şunuň bilen baglanyşyklykda şu tabşyrygy başga sözler bilen: «Özüniň doly güýçsüz hem ejizligine akyl ýetirip, Hudaýa ynanan adam bagtlydyr. Munuň ýaly adam Hudaýyň erkini kaýyllyk bilen kabul eder, şeýdibem, Onuň Patyşalygynyň raýaty bolar» diýip aýtsa bolar.
Mesihiler, ylaýta-da, Pakistan ýaly ýurtlardaky mesihiler bu tabşyrygy beýik teselli hasaplaýarlar, sebäbi olaryň aglaba bölegi köçe süpürijiler hem-de beýlekileriň etmekden ýüz öwren gara işlerini edýän adamlardyr. Olar ondan gowy işi tapyp bilmeýärler. Olaryň çagalary ýokary bilim alyp bilmeýärler. Şonuň üçin ondan gowy durmuşa hiç hili umydy bolmansoň, ene-atalarynyň ýoluny dowam etdirip, doly garyplykda ýaşaýarlar. Bu sözler ilki bilen şolara gönükdirilendir. Olar bar umydyny Hudaýa baglanlarynda, özleriniň göklerde raýatlygynyň barlygyna ynamly bolýarlar.
Aziýada bir mesihi zenany tussag edip, türmä salýarlar. Reb tarapyndan gönükdirilen bu zenan agyr işi ýerine ýetirmeklige meýletin seslenip, türmäniň diýseň hapa we erbet aňkap duran hajathanasyny arassalaýar. Ýöne bu kemsidiji iş aýdym aýdyp, beýleki kameralardaky tussag edilenlere Isa barada habary aýtmaklyga mümkinçilik berdi. Onuň eden hereketleriniň we aýdan sözleriniň kömegi bilen köpler Rebbe iman etdiler.
2. Aglaýanlar
Aglaýanlar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler (Matta 5:4).
Agy öz ýagdaýymyz zerarly çuň hasrat çekýändigimizi aňladýar. Bu ýagdaý özümiziň mynasyp däldigimize düşünip, Rebbiň barlygyna, güýjüne we ugrukdyrmasyna tarap ymtylyp, Rebbe hemme abadançylyklaryň çeşmesi hökmünde ynanyp başlan wagtymyzda ýüze çykýar. Atamyzyň merhemetli rehimdarlygy bu ymtylyşy sylaglaýar.
Munuň ýaly agyny, munuň ýaly gussany gizlemek mümkin däldir. Olar bu dünýäde höküm sürýän jebir-jepalar sebäpli peýda bolýar. Beýleki adamlaryň çekýän ejirlerini, gaýgylaryny we mätäçliklerini ýeňilleşdirmäge çalyşýan adam bagtlydyr. Bu tabşyrygy hem biz aşakdaky ýaly edip, başga sözler bilen aýdyp bileris: «Dünýäniň çekýän ejirini görende ýüregi gyýylýan we özüniň günäli hem-de söýgä mynasyp bolmadyk ýagdaýy sebäpli çuň gaýgylanýan adam bagtlydyr, çünki olar Hudaýda şatlyk tapyp, teselli alarlar».
Bu mowzuk barada pikirlenenimizde, Ýygnagyň we ähli mesihileriň gynandyryjy ýagdaýyna düşünip başlaýarys. Köp ýurtlardaky ýygnaklar ejiz bolýarlar. Olaryň käbirlerine galp ýygnak diýseňem bolman duranok. Garşylyklar olarda näsazlyk döredýär, bölünişikler hem dowam edýär. Munuň ýaly ýygnaklar üçin aglamak gerek. Söweşmegi bes edip, başga tarapa geçen mesihiler üçin aglamaly.
Wagyz etme sözleriniň ejizligi, dilegiň we ruhy güýjüň ýetmezçilik edýändigi üçin aglaň. Ýygnaga gelende diňe ýapyk gapylary we sowuk ýürekleri görenler üçin aglaň. Töweregindäki dünýä Mesihiň nuruny görkezmek islemeýän mesihiler üçin aglaň. Öz nuruny gizleýän, sebäbi onuň ýagtylygyndan gorkýan ýygnaklar üçin aglaň. Bize-de aglar ýaly zat bar, sebäbi bizde, eger aglasak, teselli aljakdygymyza berlen wada bar.
3. Ýumşak adamlar
Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar (Matta 5:5).
Ýumşaklygy ejizlik bilen çalyşmaly däldiris Ýumşaklyk diýlende «gözegçilik astyndaky güýç» göz öňünde tutulýar. Bu kontekstde toba edýän we dileg edýän adamyň öz içinde hemişe bolýan Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasy hem-de imanly adama (hatda erbet, gapma-garşylykly şertlerde-de) wada berlen miras bilen ak pata berlendigi göz öňünde tutulýar.
Hut şunuň ýaly, ýagny bu hakykata düşünen, öz hyjuwlaryny, düşbüligini hem impulsyny Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasyna beren adamlaryň beýik adamlar bolandyklaryny taryh görkezýär (Sanlar 12:3). Süleýmanyň pähimlerinde (16:32): «Gahary giç gelýän adam pälwandan rüstem gelýändir, nebsine buýurýan şäher alan adamdan rüstem gelýändir» diýilýändir. Şeýlelikde, «Öz her bir düşbüligini, her bir impulsyny we her bir hyjuwyny Hudaýyň Ruhunyň ygtyýaryna berýän adam bagtlydyr! Munuň ýaly adam Hudaýyň öňünde-de, özüniň hem beýleki adamlar öňünde-de mamla bolýar, şonuň üçin ol diňe Hudaýyň berip bilýän ýaşaýşyna girer.
Pikirde özüňiz bilen garşydaş bolan adamlar bilen gürrüň edeniňizde, hemişe şunuň ýaly ýumşak bolmagyňyz üçin dileg ediň. Wagt geler, siziň sabryňyz bilen öz-özüňize erk etmäňiz berk synalar. Şeýle hem, Ruhuň gepleşikdäki ugry üýtgetmekligi ýa-da ilki başda ýeňliş ýaly bolup görünjek strategiki yza çekilişi teklip etjek wagty hem geler. Ýumşak bolmaklyk — soňundan Ruhda doly ýeňşi gazanmak üçin wagtlaýyn yza çekilmeklige razy bolmaklykdyr.
4. Dogrulyga ajygyp-suwsanlar
Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki doýup-ganarlar (Matta 5:6).
Bu häsiýet hyzmatkäriň gulluga taýýarlygyny görkezýän imanyň kämilleşendigini görkezýär. Şägirtligiň soňlanma ýa-da doly taýýarlyk döwri gelende, hyzmatkär esger kanagatlanma duýýar, sebäbi Hudaý ony näme üçin çagyryp, näme maksat bilen taýýarlan we enjamlaşdyran bolsa, şonuň üçin hem ulanýar.
Gadym döwürlerde adamlaryň girdejileri örän ujypsyzja bolupdyr, şonuň üçin adam esasan hem diňe maşgalasynyň iýmiti üçin gazanç edip bilipdir. Suw hem gymmat bahaly lezzet bolupdyr. Joşgunly bütewi hem doly dogrulykda bolmanyň ýaşaýyş we ölüm meselesi bolup durany tabşyrykda bellenilýär. Iň güýçli islegi Hudaýa hem beýleki adamlara bolan söýgä dogurlanyp duran adam bagtlydyr. Şeýlelikde, «Açlykdan surnugan adamyň iýmite ýa-da teşnelikden ýaňa ysgyndan gaçan adamyň suwa ymtylyşy ýaly, doly dogrulyga ymtylýan adam bagtlydyr, sebäbi adam hakyky kanagatlanmany alar».
Beýleki dinlere ynanýan adamlarda mesihileriň öz imanyna örän çynlakaýlyk bilen ýapyşyşy uly täsir galdyrýar. Olar dine diňe daşky görnüşinde, mysal üçin, dynç günleri ýygnaklara gatnamak bilen görkezjek bolýanlara hormat goýmaýarlar. Olaryň günbatar mesihiliginde görýän zatlary ondan ýüz öwürmeklige olary mejbur edýär. Bular ahlak arassalygyna hormatsyz garamaklyk, keýpi-sapa, nukdaý-nazarlaryň we ýagdaýlaryň düşnüksizligi, imany üçin jinnek ýalyjak hem gynanmak, haýsy-da bolsa bir zat üçin göreşmek we näme hem bolsa bir zady pida etmek islemezlikdir.
Andreý dogan şeýle diýýär: «Musulman adamlardan gizlenýän ýygnaga nädip hormat goýsun?» Mesihiler baýdaklaryny galgatmalydyrlar, öz imany hem pikirleri üçin ejir çekmäge taýýarlygyny görkezmelidir. Has kämil dogrulyk adamlara has güýçli täsir eder. Şonda biziň Hoş Habary wagyz etmämiz olarda hakyky hormat döreder.
Bagtlylygyň soňky dört tabşyrygy hyzmatkär esgeriň daşky häsiýetinde jemlenendir. Hyzmatkär esger bolmaklyk, diýmek —
dogrulyk ugrunda yzarlanan
parahatçylyk dörediji
ýüregi päk
rehimdar
bolmakdyr.
1. Rehimdar
Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler (Matta 5:7).
Biz kiçigöwünlilik bilen özümiziň «ruhy garyplygymyzy» boýun alsak, Hudaý özüniň rehimdarlygy içinde bizi bagyşlap, zerur bolan zatlaryň hemmesi bilen üpjün edýär. Hudaýyň rehimdarlygyny alanymyzdan soň, biz ony beýleki adamlara hem görkezmelidiris.
Bu Mukaddes Kitap düzgüni hemme zada beýleki adamyň gözi bilen seredip, ýüregi bilen hem duýmak üçin özüňi şonuň ýerine goýup bilme ukybyny göz öňünde tutýar. Isa hem tende gelip, biziň üçin hut şuny-da etdi.
Şeýlelikde, «Hemme zada başga adamyň gözi bilen seredip, ýüregi bilen hem duýmak üçin özüni şol adamyň ýerine goýup bilýän adam bagtlydyr. Şonda beýleki adamlar oňa gowy garaýyşda bolarlar hem-de bu zatlary Isa mesihde Hudaýyň olar üçin edendigini bilerler».
Biz özümiziň imansyz dostlarymyza nähili garaýarys? Mysal üçin, siz musulmanlara aýyň gädik ýerinden ýere çalaja yşyk berip duran tümlüginde biderek ýere sermenip hem-de nuruň manysy şol alagaraňkydadyr öýdüp ýören adamlar hökmünde garaýarmysyňyz?
Biz olary şunuň ýaly ýagdaýda görenimizde, olara bolan garaýşymyzy aňladýan iň dogry sözümiz «rehimdarlyk» sözi bolar. Biz şeýle hem, olara mähir bilen garamalydyrys. Nädogry ugra giden kör adamlara kömek edişimiz ýaly, azaşanlara özümizi diňläp, hakyky nura tarap ýol tapmak isleýänlere hem rehimdarlyk edip kömek bermelidiris. Eger biz Isa Mesihiň dogrulyk Güneşidigine ynanýan bolsak, onda bize hiç zady subut etmek gerek bolmaz. Ýöne biz sabyrlylyk hem ýumşaklyk bilen mätäçlere hakykat ýoluny görkezmelidiris.
2. Ýüregi päkler
Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler (Matta 5:8).
Hudaýyň öňündäki agymyz bizi Mesihdäki täze durmuşa tarap üýtgedip başlaýar. Biziň arassa ýaşaýşymyz hem edil şunuň ýaly bolup, bu dünýäniň pislikleriniň arasynda ýaraşma döwrüniň başlangyjy bolup biler.
Bagtlylygyň bu tabşyrygy öz özümizi gyşarnyksyz we dogruçyllyk bilen öwrenmekligi talap edýär. Biz hemme zady päk niýetler bilen etmelidiris. Munuň ýaly garaýyş özüň üçin ölümi talap edýär-de, ýüregiň içinde mesihiň durmuşynyň çeşmelerini açýar.
Şeýlelikde, «niýetleri päk we dury bolan, arassa durmuşda ýaşaýan adam bagtlydyr, çünki ol Hudaýyň Özüni görme mümkinçiliginden az zady almaz». Hudaýa päklikde ýakynlaşsak, Ony has aýdyň göreris, Oňa bolan has-da güýçli söýgini duýarys hem-de Onuň yzyna ymykly düşeris. Şonuň üçin «niýetleri hemme taraplaýyn päk bolan, durmuşy päklik bilen häsiýetlendirilýän adam bagtlydyr, çünki munuň ýaly adam Hudaýy görüp biler».
Musulmanlar päklikdäki durmuşa örän uly ähmiýet berýärler. Olar eşik meselesinde salykatly bolmaklygy we jynslaryň arasyndaky gatnaşyklarda päkligi aýratyn belleýärler. Olaryň göwnüne mesihiler bu babatda hiç hili alada etmeýän ýaly bolup görünýär. Näme, bizi päklik baradaky mesele gyzyklandyrmaýarmy? Ýok, bu beýle däl. Tapawut biziň nämeden başlaýandygymyzdadyr. Käbirleri päklik adamyň içinde görünýär diýip pikir edýär. Ýöne hyzmatkär esger üçin hemme zat tersine bolmalydyr — ol içindenem, daşyndanam päk bolmalydyr.
Şeýdip, musulmanlar özleriniň päklenmäge mätäçdiklerine akyl ýetirip, özlerini päklikde saklamaklyga çalyşýarlar. Biz-mesihiler bolsa, özümiziň eýýäm päklenendigimizi bilýäris. Ýöne biz bir howpy äsgermezlik etmäge meýilli bolýarys. Eger gaty aladasyz bolsak, onda özümize hapanyň ýapyşaýmagynyň mümkindigini ýatdan çykarýarys. Hatda «hapa ýaly bolup görnen» zatlar üçin hem alada edip hüşgär bolunmasa, onda munuň adamlaryň nädogry netije çykarmagyna alyp barmagy, olaryň büdremesine sebäp bolmagy mümkin. Özümiziň päkligimizi aýtmagyň özi ýeterlik däldir. Adamlar biziň päkligimizi görmelidirler.
3. Parahatlyk döredýänler
Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler (Matta 5:9).
Ýumşak ruhly bolsagam, bar düşünjeden ýokary bolan «parahatlyk söýüjiligiň» wekilleri bolmak üçin jedeliň gyrasyndan arkaýyn girip bilýäris.
«Parahatlyk» sözüniň baý täzeäht äheňi hemme zatda ýagşylygyň kämil we doly ýagdaýyny göz öňünde tutýar. Bu söz şeýle hem, dogry aragatnaşyklary, ýagny biri-birimiz baradaky iň ýakyn gatnaşyklary hem-de ýagşy niýetleri beýan edýär. Kynçylyklardan gaçmaga synanyşyp, olaryň ýüzüne doly asudalyk bilen seredenimizde, hatda howsalaly ýagdaýda-da parahatlyk duýgusyny we ýagdaýyny görkezenimizde, parahatlyk gelýär.
Şeýlelikde, «durmuşyň hemme ugurlarynda biri-biri bilen dogry gatnaşykda bolýan parahatçylyk döredijiler bagtlydyr, çünki olar Hudaýyň adatdan daşary işlerini edýärler».
Munuň ýaly hereketiň adamlaryň arasyndaky böwetleri çym-pytrak etmek üçin adamlar bilen Hudaýyň ýaraşma sypasynyň üstüne, edil Isanyň edişi ýaly, öz janymyzy goýma wajyplygyna alyp barmagy ahmal (Galatýalylar 3:26–29 seret). Başga adamlar Hudaý bilen ýaraşyp biler ýaly, siz şu bahany tölemäge taýýarmy? Siz hemme adamlaryň Hoş Habary eşidip, iman etmäge hakynyň bardygyny aýdyp, diýeniňizi etdirmäge taýýarmy? Dünýäniň käbir dawa-jenjelli sebitlerinde mesihiler işiň şu görnüşini «parahatlyk döretmeklik» diýip atlandyrýarlar.
Hemmeleriň parahatçylyk gözleýän, parahatçylygyň hem olaryň elinden sypyp gidýän ýeri bolan Ysraýyldaky doganlarymyz, Isanyň iň beýik taglymatynyň biziň «ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeli däldigimizi (1 Petrus 3:9; Rimliler 12:17; 1 Selanikliler 5:15), ýa-da «ýamana garşy durmaly däldigimizi» (Matta 5:39) talap edýändigini ýatladýarlar. Isa Öz şägirtlerini özlerine edilýän adalatsyzlyga we adamçylyksyz hereketlere ýamanlyk bilen jogap bermezlige çagyrýar. Isa «almytyny ber ýa-da ýazzyny ber» diýen garaýyşly bolan adamlar üçin adaty bolmadyk kämil jogaby teklip edýär.
Isa «beýleki ýaňagyňy-da tutmalydygyny» öwredende, parahatçylyk döretme aktynyň goranma däl-de, hüjüm etme usulyny göz öňünde tutdy. Şonuň üçin şol döwrüň medeniýetine düşnükli bolar ýaly mysallary getirýär. Biriniň ýaňagyna uran adam, adatça ýokary derejede duranyň aşak derejede duranyň üstünden kemsidiji artykmaçlygyny görkezip, eliniň arka tarapy bilen urýan eken. Şonuň üçin beýleki ýaňagyny hem tutmak bilen kemsidilen adam işjeňligi öz eline alyp, özüniň adam nesline degişlidigini tassyklaýar. Beýleki ýaňagyny hem tutmak bilen ol adam kemsidijisiniň pikir edişi ýaly, özüni kemsidiji ýagdaýda duran adam hasaplamaýandygyny görkezýär. Ol özüni göwnüne degen adam bilen deň hukukly hasaplaýar. Bu adam gatnaşyklaryň häsiýetini üýtgedýär-de, özüni kemsideni «zorluk etmelimi ýa-da toba hem ýaraşyk bilen jogap bermelimi» diýen ahlak saýlawyny etme wajyplygynyň öňünde goýýar.
Köýnegiňi almakçy bolanlarynda, üstki eşigiňi hem meýletin bermeklik (Matta 5:40 seret) ýa-da kanun boýunça size bir mil ýoly geçmeklige mejbur etseler, iki mil geçmäge (Matta 5:41 seret) taýýar bolmaklyk, işjeňligiň başga bir görnüşde ýüze çykmasyny göz öňünde tutýar.
Parahatlyk döredijilik:
• ýigrenji däl-de, söýgi görkezmekligi;
• doganlaryň arasyndaky birligi goldamaklygy;
• gökdäki Patyşalyga şaýatlyk etmegi teklip etmekligi;
• Isanyň göreldesine eýermekligi göz öňünde tutýar.
4. Dogrulyk ugrunda yzarlananlar
Dogrulyk yzynda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr (Matta 5:10).
Biziň dogrulyga bolan teşneligimiz bilen bilelikde, Hudaýda berk duranlaryň hemmesiniň duçar boljak yzarlanmasy baradaky wada hem gelýändir. Biz howpsuz hem ajaýyp durmuşda ýaşamaklyga çagyrylmadyk. Şonuň üçin yzarlanmalaryň we ezýetleriň içinde-de gulluk etmelidiris.
Yzarlanmalardan gaçmaga synanyşmak gerek däl, sebäbi olar biziň dogry durmuşymyzyň netijesidir. Olardan gaçmak üçin dogry ýaşamaklygy bes etdirmeli bolýarys. Mattanyň Hoş habarynda şeýle diýilýär: «Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, Gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de, şeýle yzarlandylar».
Yzarlanylma döretmäge ukyply bolan başga-da köp ýagdaýlary sanamak bolar. Ýöne şu kitabyň öňki baplarynda bolşy ýaly, mesihileriň yzarlanylmasynyň sebäbini Mattanyň Hoş Habarynyň 5-nji babynda hem Ýahýanyň Hoş Habarynda (15:20) Isanyň beýan edendigini aýdýarys:
Meniň size: «Gul agasyndan uly däldir» diýen sözümi ýada salyň. Olar meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar…
Guluň ykbaly hem edil Hojaýynynyňky ýaly bolýar. Şägirt hem öz Mugallymynyň ýören ýolundan ýörär, şonuň üçin yzarlanylma mesihiler üçin gutulgysyz zatdyr. Bu pähimli ykbaldyr. Gozganmaz obýekt bilen çaknyşan ýeňip bolmajak güýç kimin, Mesih bütin dünýäni başaşaklygyna düňderip, dogry tertip-düzgüni ýola goýdy. Bu iş gidişinde Ol dünýäniň içindäki zatlary «silkeledi».
Irki Ýygnak Mesihe bolan imany üçin köp yzarlanmalary başdan geçirdi. Şol yzarlamalar Ýygnagyň mesihileriniň ýaşaýyş durmuşyna güýçli täsirini ýetirdi. Mesihi heýkeltaraş töweregindäki beýleki adamlar ýaly, butparaz ybadathanalar üçin butlar ýasap bilmedi. Mesihi tikinçi hem butparaz ruhanylarynyň geýýän egin-eşiklerini tikip bilmedi.
Olar jemgyýetçilik durmuşyna täsirlerini ýetirdiler. Baýramçylyklaryň aglaba bölegi dürli hudaýlara gurlan ybadathanalarda geçirilýärdi. Adatça baýramçylyga gelenleri şol hudaýlara gurban berlen mallaryň etinden taýýarlanylan naharlaryň başyna çagyrýardylar. Hatda, öýlerdäki adaty nahar iýmeklik hem nahar üçin minnetdarlyk hökmünde şol hudaýlaryň hatyrasyna şerap içmeklik bilen başlanylýardy. Heý-de, mesihi adam munuň ýaly saçagyň başynda oturyp bilermi?
Yzarlanmalar maşgala çäklerinde hem bolup biler. Munuň ýaly ýagdaý maşgala agzasynyň biri iman edende, beýleki agzalarynyň hem oňa duşmançylykly garap başlan wagty bolýar. Munuň netijesinde maşgalalar hem dargady. Mesihilik köp ýagdaýlarda köp agyrylary getirip, içki göreşiň turmagyna mejbur eden bölüji gylyç hem boldy.
Has zalym yzarlanmalaryň bolan döwürlerinde mesihileri ýolbarsly gözeneklere taşlan we otda ýakan ýerleri hem bolupdy. Käbirlerine şepbik çalyp, Neronyň köşk baglaryny yşyklandyrmak üçin olary diriligine ýakypdyrlar ýa-da deriniň içine salyp tikip, aw itlerine iýmäge beripdirler (Ýewreýler 11:37 seret).
Mesihileri (gynamak üçin niýetlenen gural bolan) dyba bilen gynapdyrlar, bedenlerini atagzy bilen goparyp, persala edipdirler. Olaryň üstüne eredilen gurşuny guýupdyrlar, gyzdyrylan demiriň plastinasyny bedenleriniň iň näzijek ýerlerine goýupdyrlar, gözlerini oýupdyrlar, el-aýaklaryny kesip, ejir çekýänleriň gözleriniň öňünde gowrupdyrlar, elllerini-aýaklaryny ýakyp, azaby uzaga çekdirmek üçin olaryň üstlerinden buz ýaly suwy guýupdyrlar.
Biziň köpimiz bütin ömrümiziň dowamynda Isa Mesihe hiç hili pida getirmedik. Yzarlanylma duçar bolmaklyk — pygamberleriň, mukaddesleriň we görgi görenleriň ýörän ýolundan gitmeklikdir. Yzarlanmalardan ejir çekmeklik — yzymyzdan gelýänleriň durmuşyny ýeňletmekdir. Yzarlanmadan ejir çekmeklik — gyzdyrylan pejiň içindäki Ședrak, Meýșak we Abednego (Danyýel 3:19–25 seret) ýaly, Mesih bilen bir bolmaklygy duýmakdyr. Bir bolmaklygyň munuň ýaly pajygaly bolmazlygy hem mümkin, ýöne ol hemişe hakykydyr. Biziň köpimiz bu günki günde ak pataly azatlykdan lezzet alýarys, sebäbi geçmişdäki mesihiler şol azatlygy biziň üçin öz ganlarynyň, derleriniň we gözýaşlarynyň bahasy bilen satyn almaklyga taýýardyklaryny görkezdiler.
1. Kiçi toparlara bölünip, şu bapda teklip edilen sapagy ara alyp maslahatlaşyň. Bagtlylyk tabşyryklarynyň haýsysy durmuşda ulanmak üçin kyn bolýar?
2. Demirgazyk Koreýadaky gizlin ýygnagyň mesihileri özleriniň gizlin ýygnaklarynda Rebbiň dilegi bilen birlikde aşaky bäş düzgüni hem labyzly okaýarlar:
• Biz yzarlamalary şatlyk hem hormat bilen başdan geçirýäris.
• Biz kemsitmeleri, üstümizden gülünmeleri we mahrum edilmeleri Isanyň hatyrasyna kabul etmek isleýäris.
• Biz beýlekileriň gözýaşlaryny süpürmek we ejir çekýänlere teselli bermek isleýäris.
• Biz ýakynlarymyzyň hem mesihi bolmaklary üçin olara bolan söýgimiz sebäpli şirin janymyza töwekgelçilik etmäge taýýar bolmak isleýäris.
• Biz öz durmuşymyzy Hudaýyň Sözünde görkezilen mysallara laýyklykda ýaşamak isleýäris.
Bu mesihileriň dogrulykdaky durmuşa nähili taýýarlanandyklary barada gürrüň ediň.
3. Mukaddes Fransiske degişli edilýän aşaky dilegiň elementleri barada gürrüň ediň.
PARAHATLYK ÜÇIN DILEG
Ýa Reb! Meni parahatlyk dörediji ýaragyň et.
Maňa ýigrenç bar ýerde söýgi ekmäge,
Agyry bar ýerde bagyşlamaga,
Ýalňyşlyk bar ýere hakykaty eltmäge,
Şübhe bar ýere iman eltmäge,
Lapykeçlik bar ýere umyt eltmäge,
Tümlük bar ýere nur eltmäge,
Gussaly ýere şatlyk eltmäge
Rugsat ber.
Ýa, Hudaý Perwerdigär!
Özüm teselli gözlemän, başgalara teselli berip bilmegi,
Özüme düşünilmegini gözlemän, başgalara düşünmekligi,
Özüme söýgi gözlemän, başgalara söýgi sowgat bermekligi
Sowgat ber, çünki biz bersek gazanýarys,
Bagyşlamada bagyşlanma tapýarys.
Özümiz üçin ölmek bilen baky durmuşa dogularys.
Omyn.
4. Mukaddes durmuşda ýaşamak isleýän adama nähili kynçylyklar garaşýar? Häzirki zaman durmuşynda ulanmak üçin mukaddesligiň haýsy ugurlary kyn bolýar?
5. Parahatlygyň dowam etmegi, ýurduňyzdaky dürli halklaryň we dini toparlaryň arasynda hem-de mesihileriň yzarlanmalardan ejir çekýän özüňize belli bolan beýleki sebitlerinde sazlaşygyň bolmagy üçin hemmäňiz bilelikde dileg ediň.
17-nji bap
GATNAŞYKLARDA GÖRKEZILÝÄN SÖÝGI
1 Ýahýa 3:18
«Gadyrly Rut, Men șenbe güni seniň etrabyňa barýaryn, şonda görüşmek üçin seniň ýanyňa-da bararyn. Hemişe söýgüde bolýan Isa».
Haty stoluň üstünde goýanda, gyzyň elleri sandyrady. «Reb näme üçin meni görmäge geljek bolýarka? Mende iliňkiden üýtgeşik hiç zadam-a ýok. Onuň öňünde goýara-da hiç zadym ýok». Rut bu zatlaryň pikirini edip durka, aşhananyň boş tekjelerini ýadyna saldy. «Wah, dogrudanam, Myhmanyň öňünde goýara zadym ýog-a. Dükana ylgap, iýer ýaly bir zat satyn alyp gelmeli». Ol uzalyp gapjygyny alýar-da, içindäkini sanaýar. Bary-ýogy bäş ýarym dollar. «Hiç bolmanda çörek bilen bir zatjyk alyp geleýin».
Ol paltosyny egnine atyp, gapa tarap okduryldy.
Fransuz bulkasy, hindi towugynyň ýarym funty, bir gap süýt…. Bu zatlary satyn alandan soň, Rutda indiki dușenbä çenli on iki sent galdy. Şeýle-de bolsa, ol hoşal bolup, satyn alan zatlary salnan sebedi eline aldy-da, öýüne tarap howlugyp gaýtdy.
— Eý hanym, siz bize kömek edip bilmermisiňiz?
Rut öňde duran günortanlyk nahary baradaky alada bilen şeýle bir gümrady welin, hatda seýilgähde peýda bolan iki şekile birbada üns hem bermedi. Olar ýyrtyk-ýyrtyk eşikli bir aýal bilen bir erkek adamdy.
— Görýärmisiňiz hanym, men işlämogam, aýalym ikimiz hemişe köçede ýaşadyk, indi bolsa sowuk düşüp ugrady. Biz birneme ajygýarysam, hem… neme, hanym, siz bize kömek edip bilmermisiňiz? Biz diýseň minnetdar bolardyk.
Rut olara garap durdy. Olar gaty hapadylar, üstlerindenem erbet ys gelýärdi. Dogrusyny aýtsaň, eger özleri islese, olaryň işem tapyp biljekdiklerine Rut ynanýardy.
— Jenap, men size höwes bilen kömek ederdim welin, özüm garyp aýaldyryn. Mende bary-ýogy birje bölek sowuk towuk eti bilen azajyk çörek bar. Bu gün men wajyp bir Myhmana-da garaşýaryn, şonuň üçin bu zatlaryň hemmesini Onuň üçin satyn aldym.
— Bolýar-da, hanym, men düşünýärin. Sag boluň. Bizi bagyşlaň.
Erkek adam aýalyň egninden gujaklady. Olar yzlaryna öwrülip, seýilgähe tarapa ýöneldiler. Rut olaryň gidişlerine seredip durdy, şonda birden onuň ýüreginde özüne gowy tanyş bolan duýgy oýandy.
— Eý, duruň!
Olar sakga saklandylar-da, Rut öz ýanlaryna ylgap barýança, ol tarapa öwrülip durdular.
— Gulak asyň, bilýarsiňizmi näme, bu iýmitleri alyň. Men Myhmanyma hödür-kerem eder ýaly bir zatlar oýlap taparyn, — diýdi-de, Rut dükandan alyp gelýän elindäki sebedi olaryň eline tutdurdy.
— Sag boluň hanym! Köp sag boluň.
— Sag boluň, — diýip, aýal hem erkek adamyň yzyndan gaýtalady.
Şonda Rut aýalyň sowukdan ýaňa sandyraýanyny gördi.
— Bilýärsiňizmi näme, meniň paltomy-da alyň. Öýde ýene bir paltom bar. Munam alyň.
Rut koftasyny hem egninden çykaryp, aýalyň egnine atýar. Soň ol ýylgyryp, yzyna öwrülýär-de, paltosyz hem Myhmana niýetlenen hödür-keremsiz köçe bilen ýöräp başlaýar.
— Sag boluň hanym! Köp sag boluň!
Rut öýüne gelip ýetýänçä üşeýär. Munuň üstesine-de, ol alada galyp başlaýar. Onuň öýüne Rebbiň Özi myhmançylyga gelmeli ahyryn. Onuň bolsa, hödür-kerem edere-de hiç zady ýok. Ol öýüniň gapysyna baranda, jaýyň açaryny gözläp başlaýar. Şonda ol birden gapyda, ýene bir hatyň gysdyrylgy duranyny görýär. «Haýran galaýmaly. Adatça poçtaçy bir günde iki gezek gelmeýär-ä» diýip, Rut pikir etdi. Soň haty alyp, ony açmaga başlady.
«Hormatly Rut, seniň bilen görüşmek diýseň ýakymly boldy. Ajaýyp näz-nygmatlaryň üçin sag bol. Ajaýyp paltoň üçin hem köp sag bol. Hemişe söýgüde bolýan Isa».
Howa öňküsi ýaly aýazdy, ýöne Rut indi paltosyz bolsa-da, sowugy duýmaýardy.
Ruhy çopan Greg Lori özüniň bütin dünýäni agdar-düňder eden Ýygnak baradaky kitabynda şeýle ýazýar: «Ilkinji mesihiler butparazlary jedelde ýeňjek bolmadylar-da, olardan köp ýaşadylar… Mesihilik urga urgy bilen jogap bermek bilen butparazlygy ýa-da iudaizmi basyp almaga synanyşmady. Tersine, I asyryň mesihileri imansyzlary özleriniň paýhasy, dilegi we durmuşdaky ýaşaýşy bilen ýeňdiler.
Olaryň ýaragy garşy bolmak däl-de, tassyklama boldy. Bilşimize görä, olar garşylyk bildirmediler we pitne-de turuzmadylar. Olar imperatory agdarmak üçin dildüwşük guramadylar. Munuň deregine olar dileg etdiler, haça çüýlenen, ölümden direlen we adamlaryň durmuşyny üýtgetmäge taýýar bolan Mesihiň habaryny wagyz etdiler hem-de yglan etdiler. Olar öz sözlerini iş ýüzünde tassykladylar, ýagny berdiler hem-de söýdüler».
Biz tiz üýtgeýän dünýäde ýaşaýarys. Ylymda we tehnologiýda wajyp hem ähmiýetli açyşlar bolup durýar. Syýasatda we ykdysadyýetde döwletleriň hyzmatdaşlyk edýänini we häkimiýeti berkitmek hem-de arkalaşykly ýaşamak maksady bolan gözegçilik üçin önümçilik birleşikleriniň birikdirilýändigini görýäris.
Biz şeýle hem, bu üýtgeşmelere degişli bolmadyk ägirt uly ak tegmiltleriň bardygyny hem görýäris. Ol ýerde açlyk bilen garyplyk asyrlar boýy dowam edip gelýär. Ol ýerde uruşlar möwç alýar, jenaýatçylyk hem keseller artýar. Şonda- da, hiç kim yza çekilmek islemeýär. Mesihiler hökmünde biz muňa näme diýip bileris?
Öňki bapda gürrüňini eden bagtlylyk tabşyryklarymyzda Reb şeýle diýýär:
Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşaryk taşlanmakdan we aýak astynda depelenmekden başga hiç zada bir ýaramaz. Siz dünýäniň yşygysyňyz. Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez. Çyrany ýakyp-da, gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar (Matta 5:13–16).
Isa bu ýerde Özüniň ilkinji diňleýjileriniň gowy düşünip bilmegi üçin iki sany güýçli meňzetmäni ýa-da iki obrazy ulanýar. Rebbiň Öz Ýygnagyny esaslandyran ýerinde, Ýygnak bu wezipeleriň ikisini-de ýerine ýetirmelidir. Munuň üçin batyrgaýlyk, beýik ahlaklylyk, ruhy güýç, söýgi we duýgudaşlyk gerekdir. Mesihiler özleriniň bar ýerlerinde erbetligiň ýaýramagyna päsgel beren wagty, munuň ýaly täsir ýiti duýulýar.
Partiýa ýolbaşçysynyň ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň adyna öz nukdaý-nazaryny beýan edip bilýän ýa-da komitetlerde işlemek bilen, telefon jaňlarynyň we hatlaryň üsti bilen köpçülikleýin demonstrasiýalary edip bilýän aýratyn bir şahsyýetiň ýa-da bir toparyň eýeleýän ýagdaýyndan adalatsyzlyk, zorluk, zalymlyk, perwaýsyzlyk, parahorluk we ahlaksyzlyk meselelerine ýüzlenmek bolar. Käwagt bu zatlar üçin diýseň az zat gerek bolýar. Käwagt hem türme bendiligine, hatda ölüme-de taýýarlygyňy beýan etmeli bolýar. Zerur bolan ýagdaýynda biz bu zatlary edip bilerismi?
1. Ýeriň duzy
Isa: «Siz ýeriň duzusyňyz» diýende, fakty takyklaýar. Bu buýrugam däl, isleýän zadyňy beýan etme-de däl. Isa bu sözleri aýtmak bilen Hudaý eýýäm özümizi kim edip saýlan bolsa, şollugymyza-da galmagymyzy isleýändigini görkezýär.
Mattanyň Hoş Habaryndan getirilen kontekstde gürrüň üstüne yzarlanma abanýan mesihiler barada barýar. Duz az mukdarda gerek bolýar, ýöne ol özbaşyna üýtgeşik bir ähmiýete eýe bolup durmaýar. Duz bir ýerde arzan önüm bolýar, başga bir ýerde bolsa, birneme gymmadrak bolýar. Bizdäki bir nakylda adamyň gymmatynyň onuň «agramy» bilen, ýagny duzuň agramy bilen deň derejelikde beýan edilýän agramy bilen ölçenilýändigi aýdylýar. Duzuň bahasynyň, hakykatdanam, üýtgemegi mümkin, ýöne duzda öz bahasyndan köp derejde ýokary bolan, düýbünden adaty bolmadyk häsiýetler bardyr.
Mesihiler imanda berk duranlarynda hut şunuň ýaly ýagdaý bolýar. Mesihileriň şunuň ýaly ýagdaýy erbetligiň we haram täsirleriň ösüşine ýol bermeýär. XVIII asyrda Jon Uesli bilen Jorj Uaýtfildiň gulluk eden döwürlerinde Angliýada galkynyş bolýar-da, gan döküşikli rewolýusiýa howpuny aradan aýyrýar. Edil şonuň ýaly rewolýusiýa şol wagtlarda Fransiýada hem gidip durdy.
Mesihileriň munuň ýaly oňat täsirleri adatça şahsyýetara derejesinde göze ilýär. Adamlar imana gelýärler. Olar wyždan azabyny duýýarlar, olarda beýleki adamlara bolan hormat ösýär.
Mesihiň şägirtleri öz ynamy barada aýtman bilmezler. Olar gizlenmeli däldirler. Olar öz täsirleriniň hasda täsirli boljak ýerlerinde ýaşamalydyrlar we işlemelidirler. Olardaky şöhle saçýan nur beýleki adamlara täsir eder. Şonda olar hakyky mesihi ýagşylygyny görerler. Şol nur bu dünýäden däl-de, Hudaýdan çykýandyr, netijede, bu nur özüni Berene şöhrat hem-de öwgi getirýändir. Duz özüniň dört häsiýetiniň kömegi bilen gadymy dünýäde gymmat bahalanypdyr.
Aklyk bilen nur saçýan, günden we deňizden dörän duz hudaýlara berilýän gurbanlyklaryň iň ýönekeýi bolupdyr. Eger mesihi duz bolmak isleýän bolsa, arassalygyň nusgasy bolmalydyr. Dünýäde hemme döwürlerde-de dogruçyllyk, işde yhlaslylyk, arassa wyždan we ahlak standartlaryny peseltmäge synanyşyklar edildi. Mesihi adam dil, özüni alyp baryş we pikir arassalygynyň beýik standartlaryny saklamalydyr. Eger arassa ýaşaýyş bilen tassyklanylmasa, sözler hem täsirli bolmaz.
Mesihiler az sanly we jemgyýet üçin peýdasyz hasaplanylýarlar. Pawlus özüniň Korintoslylara ýazan birinji hatynda (l:26–31) irki mesihilere şunuň ýaly sözler bilen ýüzlenýär:
Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi boýunça köpiňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz. Ýöne Hudaý akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Hudaý güýçlüleri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we ähmiýetsizlerini saýlady. Ol muny hiç bir adam Hudaýyň huzurynda magtanmasyn diýip etdi. Ýöne: ”Magtanýan Reb bilen magtansyn” diýip ýazylyşy ýaly, siz Hudaýyň saýasynda Mesih Isadasyňyz. Ol biziň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy.
Mesihiler az sanly bolsalar-da, olar jemgyýete ýagşy täsirleri ýetirmeklige çagyrylandyrlar.
Duz ete sepilse, etiň zaýalanma möhletini haýalladýar. Durmuşy özleriniň «ak patalydygyny» subut edýän mesihiler öz-özüni ýok etmeden ýaňa çüýregen we ýykylagan bolýar. Ysraýyl serdarlarynyň kitabynda (9:45) Abymelegiň Sihem şäheriniň üstünden ýeňiş gazanandan soň, ony weýran edip, territoriýasyna duz sependigi aýdylýar. Hudaýa bolan iman ýagdaýynda berk duranda, mesihi ruhy manyda hut şunuň ýaly hem edýär. Ol bu territoriýany erbetligiň we mekdepdäki, dostlary, kollejdäki kursdaşlary, işdäki kärdeşleri ýa-da sportdaky ýoldaşy tarapdan gelýän her hili ýaramaz täsirleriň ýaýramagy üçin ukypsyz edip goýýar.
Eger biz ýokary bahany tölemäge taýýar bolsak, dünýäni zaýalanmakdan saklamaga ukyply bolan şaýatlygy paýlaşyp bileris.
Duz iýmite özbaşyna bir tagam berýär. Hudaýyň halkynyň köpelmegi dürli adamlaryň durmuş tagamyny güýçlendirmelidir. Isa adamlaryň ýanynda bolmagy bilen adamlaryň ruhuny göterýärdi. Onuň ýaşaýşynda adaty sözler bilen düşündirmek mümkin bolmadyk bir zat bardy.
Biziň sözümiz duz sepilen ýaly bolmalydyr: «Her kime näme jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Koloseliler 4:6). «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» (Efesliler 4:29).
Pawlus bu kontekstde şeýle hem, biziň Mukaddes Ruhy gaýgylandyrmaly däldigimizi hem göz öňünde tutýar. Adamyň sözleriniň gönüden-göni öz ruhy ýagdaýy bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli, olar ägirt döretme we weýran etme häsiýetine eýedir (Ýakup 3:3–12 seret). Bize hemişe oýa bolmagymyzyň hem-de agzymyzdan çykýan zatlara üns bermegimiziň zerurdygyny ýatda saklamak gerekdir.
Biz ýakynlarymyz bilen gatnaşyk stilimiz, özümiziň barlygymyz we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmamyz bilen imansyz adamlaryň dünýäsine Mesihiň müşk-anbar ysyny getirmelidiris.
2. Dünýäniň nury
Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar (Matta 5:16).
Isa dünýäniň beýik Nurudyr (Ýahýa 8:12 seret). Oňa iman edenler bolsa, tümlükden Onuň gudratly nuruna çykarylandyr (Koloseliler 1:12–13 seret). Olar hem öz gezeklerinde nura öwrülýärler. Esasynda, olar bagtlylyk tabşyryklary boýunça ýaşaýarlar.
Eger mesihiler mukaddes, dogry durmuşda ýaşasalar, onda olaryň bu durmuşy beýleki adamlaryň hapa işlerini görkezýär-de, olary paş edýär (Efesliler 5:8–14 seret). Mysal üçin, para alýan adamlar almaýan adamlary derrew tanaýarlar. Döwlet edaralarynda işleýän mesihiler özleriniň dogruçyllygy we dogrulygy bilen parahorlugyň derejesini azaldyp bilýär.
Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur (Zebur 119:105).
Eger mesihiler Hudaýyň Sözüne laýyklykda ýaşasalar, olaryň durmuşy beýik mana we özi üçin ýaşan durmuşy bilen deňeşdirip bolmajak ugra eýe bolar. Bu synçy dünýäniň ünsüni hökman özüne çeker. Şonda dünýäniň öňünde şunuň ýaly göreldäni kabul etmelimi ýa-da ret etmelimi diýen saýlaw ör boýuna galar. Biziň göreldämizden ýüz öwrenler üçin nur tümlüge öwrüler. Ýöne şol nur özüni kabul edenleriň durmuşyny ýagtylandyrar. Şondan soň olar nädogry kararlary kabul etmezler.
Gündize garanda gijesine köp jenaýat edilýändir.
Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir. Höküm şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkylygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdy. Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär bolmazlygy üçin nura gelýän däldir. Emma hak iş edýän işleriniň Hudaý arkaly edilýändigi äşgär bolsun diýip nura gelýändir (Ýahýa 3:18–21).
Çyra ýanan wagty gijäniň kölegeleri ýok bolup gidýändir. Adamlar garaňkylykdan gorkýarlar-da, çyra ýakyp ýatanyny gowy görýärler.
Nur dosty duşmandan, hakykaty ýalandan tapawutlandyrmaga ýardam edýär. Nur bize öz işimizi ýerine ýetirmeklige kömek edýär.
Men Özümi Ibereniň işlerini heniz gündizkä etmeli; gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez (Ýahýa 9:4).
Ýagtylyk ösümliklere ösmäge mümkinçilik berýär. Ol şeýle hem, häzirki zaman telekommunikasiýa (emeli optika) ulgamynda ulanylýar, näsaglary bejermekde kömek edýär (lazeriň kömegi bilen), kitap çap etmekde we ş.m. ulanylýar.
Hoş Habaryň nury köp ýagdaýlarda ak pata bolup durýar. Nurda ýaşaýan mesihiler hem öz gezeklerinde ýaşaýyş, ölüm, günä, gutulyş, Hudaý, şeýtan, gökler we dowzah baradaky bilimlerini paýlaşyp, beýlekilere kömek edip bilerler. Hut şu soraglar hem adamzady hemişe gyzyklandyryp gelýär. Adamzat hut şu soraglara hem hemişe dogry jogap tapmaga çalşyp gelýär.
Nur diňe bir sözde däl-de, adamlara biziň gökdäki Atamyzy şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýän «gowy işlerde-de» hemişe tanalýandyr.
Kumazide (Gana) bir afrikan kompaniýasy şäheri arassalamak boýunça bir iş toparyny döredýär. Mesihiler Hoş Habary ýaýratma işiniň başlanmazynyň öň ýanynda köplenç döwletiň ýokary wezipeli adamlaryndan şäheri arassalama işini guramaklyga rugsat soraýarlar. Olar şäheri tertibe salmak üçin elleri sübseli, içinde sabynly suw bolan bedreli işçilerden ybarat bolan iş toparyny iberýärler. Wajyp bolan Hoş Habary ýaýratma çäresiniň öň ýanynda mesihiler keselhanalary ýuwýarlar, şäher seýilgählerinde we döwlet edaralarynda arassaçylyk işlerini geçirýärler.
Käbir mesihiler Amsterdamda gomoseksualistleriň halkara duşuşygy geçirilen wagtynda hem şu döredijilikli işi görkezdiler. Olar öz imanlaryny festiwala gelen köp sanly halkara toparlar bilen paýlaşmak islediler. Bu duşuşyga takmynan, ýüz müň gatnaşyjy, tomaşaçy we turist gatnaşdy. Mesihiler garşylyk hereketini guramadylar-da, Hudaýyň söýgüsi yglan edilen hatjagaz gysdyrylan sary bägülleriň bäş müň sanysyny paýlamaga başladylar. Festiwalyň myhmanlarynyň käbirleri bu sowgady kabul etmek islemeseler-de, bu ter bägülleri kabul edip, Hudaýyň özleriniň jynsy gatnaşyklaryna bolan ýigrenji baradaky däl-de, gomoseksuallara bolan söýgüsi barada köpräk bilme mümkinçiliginiň bardygyna haýran galanlar bilen çynlakaý gürrüňdeşlige başlamaklyga ýol açdy. Sekiz ýurtdan gelen ýüze golaý mesihi üç hepdeläp dowam eden bu çärä gatnaşdy. Olar gül paýlamadan başga-da, saz gurallarynda saz çaldylar, tans etdiler, köp adamly köçelerde gara kofe paýladylar we amsterdamyň wokzalynda köwüş ýaldyradýan kremi mugtuna teklip etdiler.
3. Duýduryş
Isa Mesihiň Ýygnagy dünýäni üýtgedip gurma çagyryşyna jogap berip bilermi? Biziň dünýä täsir edip bilme ukybymyz özümiziň dünýä meňzeş dälligimize baglydyr. Başgaça görünmäge synanyşmagyň ýa-da göze görkezjek bolup goýmanyň geregi ýokdur. Biz eýýäm başgaçadyrys. Bize ýekeje zat gerekdir, ýagny şol tapawutdan utanmazlygymyz gerekdir.
Eger biziň ýaşaýyş durmuşymyzy töweregimizdäki dünýäniň durmuşyndan gowy hilli tapawutlandyryp bilýän ahlak duýgusynyň ýitiligi bolmasa, onda biz bu dünýä üçin duz bolup bilmeris. Eger durmuşymyz Mesihiň şöhratynyň şöhlesi bilen ýalkym saçmaýan bolsa, biz Oňa adamlary getirip bilmeris. Isa Özüniň Ýahýanyň Hoş Habarynda (17:15–19) eden dileginde hut şu barada gürrüň edýär. Adamlary özleriniň halas bolmaklarynyň hatyrasyna Rebbiň ýanyna getirmek üçin Ýygnak özüniň duýgudaşlygy we bu dünýäniň ýaşaýşyndan tapawutlanýan başgaça ýaşaýşy bilen täsir etmeklige çagyrylandyr.
Indoneziýada ekstremistleriň toparlary ýygnanyşyk binalaryny we mesihilere degişli dükanlary taladylar, masgaraladylar hem-de weýran etdiler. Şunuň ýaly toparlaryň biri ýygnak binasyny ýakmakçy bolýar. Ýöne ekstremistler binany ýakmazlygy haýyş edip, şol töwerekde ýaşaýan musulmanlaryň binanyň töweregine tegelenip duranlaryny görenlerinde haýran galdylar.
Ekstremistler haýran bolup duruşlaryna ol ýeriň ýaşaýjylaryna: «Siz näme üçin beýle edýärsiňiz? Bu mesihilik ybadathanasy ahyryn, oňa biziň jemgyýetimizde orun ýokdur!» diýdiler.
Şonda ýygnagyň goňşulary şeýle jogap berdiler: «Hawa, bu mesihilik ybadathanasy, ýöne bu mesihiler adaty däl adamlar. Olar gowy adamlar. Olar bize hormat goýýarlar. Biziň dini toparymyz üçin hem köp ýagşylyklar etdiler. Olaryň binasyny ýakmaga ýa-da olaryň göwnüne degmäge biz size ýol bermeris».
Garakçylar ýom-ýok bolýarlar.
Töweregiňizdäki jemgyýete özüňiziň söýgiňiz, duýgudaşlygyňyz we halal ýaşaýşyňyz bilen täsiriňizi ýetireniňizde, adamlaryň, hatda häkimiýetiň hem hormatyny gazanarsyňyz. Şunuň ýaly şaýatlyk adamlary Mesihe çekýär.
Ýakubyň hatynda (1:27) şeýle diýilýär: «Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüni dünýäden çirksiz saklamakdyr».
Hudaýyň söýgüsi bizi açlary naharlamaklyga, garyby geýindirmeklige, ejizi goramaklyga we suw basmasyndan, ýet titremesinden, epidemiýadan we uruşdan ejir çekenlere kömek etmeklige çagyrýar. Mesihe bolan imany sebäpli ejir çekenler hem muňa girýändir. Ýygnak hemişe dünýäniň üçünji ýurtlarynda ýerine ýetirilýän bilim we medisina programmalarynyň başynda durýardy.
Öňküleri ýaly, şunuň deý işleriň edilmegine mätäç bolan sebitlerde bu işjeňligi dowam etdirmelidiris. Köplenç duýgudaşlyga mätäç bolanlary gözläp, biz uzaga gitmeli bolmaýarys. Her bir şäherde ynsanperwerlik kömegine mätäç bolan garyp adamlaryň ýaşaýan etrapçalary bolýar. Munuň ýaly adamlar barada biz köp pikirlenýärismi? Biz olara näderejede kömek etmäge täýýär? Biz olar üçin näme edip bileris?
Biz dünýäniň mätäçligine seredenimizde, aljyraňňylyk duýýarys. Biziň planetamyzyň ilaty ýylda togsan million adam ösýär. Azyk iýmitiniň öndürijiligi ösüp barýan ilatyň talapyny zordan kanagatlandyrýar. Eger bir ýerde tebigy betbagtlyk bolaýsa, munuň netijesinde hökman azygyň ýetmezçiligi duýlup açlyk düşýär.
Käwagt baý döwletler öz ykdysadyýetini howpsuzlandyrmaga çalşyp, garyp milletlere öz ykdysadyýetini ösdürmäge kömek etmekden ýüz öwürýärler. Bu ýurtlara artykmaç azyk önümleri görnüşinde ynsanperwerlik kömegini bermeklik ýerli oba hojalygy weýran edýär.
SPID, inçekesel ýaly keseller töwerekdäki hapalanan sreda bilen birlikde adamlaryň, ylaýta-da, garyp ýurtlardaky adamlaryň saglygyny ýaramazlaşdyrýar.
Mesihiler näme edip bilerler? Mesihi ynsanperwer jemgyýetiniň öz maliýe fondlaryny paýhaslylyk bilen paýlamaklary hem-de pullary nämä we nädip bermelidigini Rebbiň görkezmegi üçin dileg ediň. Azyk bilen pul hemişe gerek bolup durmaýar. Käwagt ruhy ýolbaşçylary taýýarlamaklyk hem-de olary Hudaýyň Sözi bilen enjamlaşdyrmak has gerek zat bolup durýar.
Mätäçlik bilen mahrum edilmäniň resul Ýahýanyň Ylhamyndaky Isanyň janly beýany bolýandygy hakynda Andreý dogan aýdýar. Ýygnakdaky köp adamlaryň ýürekleri rehimdarlyk hem söýgi üçin ýapyk bolýar. Şonuň üçin Isa gapynyň agzynda durup, girmäge rugsat sorap, ony kakýar. Onuň barlygy ýürekleri hereketli söýgä açýar.
«Açyk gapylar» guramasy 1998–1999-njy ýyllarda ilkinji gezek ynsanperwerlik kömeginiň çäklerinde Sudandaky mesihiler üçin birnäçe tonna azyk kömegini berýär. Munuň ýaly edilmeginiň sebäbi, bu ýurtdaky mesihiler fiziki taýdan şeýle bir güýçden gaçypdylar welin, olar okuw programmalarynda ünslerini jemläp bilmeýärdiler. Şol wagtlar olara bu sebitlerde hiç kim kömek etmeýärdi. Bu taslama «söýgüdäki ýagşylyk» diýlip atlandyryldy.
Söýgi Ruhuň miweleriniň sanawynda birinji ýerde durýar. Bir adam şeýle diýipdir: «Mesihilik durmuşyndaky ýeke-täk sansyz sarp edilýän zat bol söýgüdir». Korintoslylara birinji hatyň 13-nji babynda söýgi düşünjesi, şeýle hem söýginiň mesihiniň durmuşynda görkezilişi jikme-jik derňelýär.
• Agape (söýgi) — bu her bir adama, hatda biziň pikirimizçe, hiç kime-de ýagşylyk etmeýänligi sebäpli, söýgä mynasyp bolmadyk adamlara hem bolan garaýşymyz babatdaky biziň bütin durkumyzyň düzgünidir.
• Agape (söýgi) — bu şertsiz söýgüdir. Ol deregine hiç zat talap etmeýär we jogaply herekete-de bagly däldir.
1. Hudaýa bolan söýgi
Biz ilkinji nobatda Hudaýa söýgi bildirmelidiris, soň hem adamlara. Biz Mukaddes Kitapdaky, has takygy Täze Ähtdäki, söýgi taglymatyny öwrendigimizçe, söýginiň näderejede boldugyny görýäris:
• Hudaýa bolan söýgi hemme zadyň merkezinde;
• Ýanýoldaşyňa, çagalaryňa we maşgalaňa bolan söýgi;
• Mesihdäki doganlara bolan söýgi;
• Ýakynlaryňa bolan söýgi;
• Duşmanlaryňa bolan söýgi.
2. Maşgalaňa bolan söýgi
Mukaddes Kitabyň aýalyňy, adamyňy we çagalaryňy söýme buýrugyna düşünmek kyn zat däldir. Umuman, aýalyňy söýmeklik — esasynda ony Mesihiň Ýygnagy söýşi hem onuň üçin janyny berşi ýaly söýmeklige çagyryşdyr (Efesliler 5:25–29 seret). Mesihilik söýgüsi öýden başlanýar. Hut öýde hem hakyky söýgini duýmäklyk başlanýar, sebäbi biz aslynda özümiziň kimligimizi maşgalamyzda açýarys we aýan edýäris. Maşgaladaky söýgini galplaşdyrmak mümkin däldir.
3. Hudaýyň giňeldilen maşgalasyna bolan söýgi
Isa Ýahýanyň Hoş Habarynda Öz yzyna eýerijileriň imandaky doganlara söýgi (agape) görkezmekleri özleriniň Onuň şägirtleridiginiň subutnamasy bolýandygyny aýtdy. Hut şu söýgi hem dünýä üçin Isanyň yzyna çyn ýürekden eýerýän adamlaryny tapawutlandyrýan alamat bolar.
4. Ýakynlaryňa bolan söýgi
Beýik Tabşyrygyň ikinji böleginde (Luka 10:27 seret) şeýle diýilýär: «Ýakynyňy edil özüň ýaly söý». Şu ýerde Isa gowy samariýaly baradaky taryhy gürrüň berýär. Bu taryhda kömege mätäç bolan islendik adam ýakynyň diýlip atlandyrylýar. Şunuň ýaly söýgi biziň durmuşymyzda-da görünmelidir.
Gyşyň ortarasynda türmede bir garry mesihiniň gulagy güýçli agyrýar. Ol özüni doňduryp barýan sowukdan goran ýüň papagyny saklap bilendigi üçin Hudaýa minetdarlyk bildirdi. Onuň hiç bolmanda gijelerine üstünde ýatar ýaly ýassygy bolupdyr.
Bir gezek kameradaky ýoldaşlarynyň biri ondan ýüň papagyny bermegini haýyş edipdir. Mesihi adam iýmitini beýleki tussaglar bilen paýlaşmaga taýýar bolupdyr, ýöne papagyny bermek islemändir. Galybese-de, gulagy sowuklapdy, papak onuň özüne gerekdi.
Ol bütin gije öz wyždany bilen göreşipdir. «Saňa dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme» (Matta 5:42) diýen ýaly aýatlar onuň ýadyna düşüpdir. Gijeki dilegden soň ol Hudaýdan ötünç sorap, papagyny berme kararyna geldi. Ertir bilen bolsa, ol şol tussagy gelip, garawullaryň başga kamera, ýagny has sowuk kamera alyp gidendiklerini eşidýär.
Şol gün ertir bilen garawullar kamerada adaty barlag geçirdi. Şonda olar beýleki zatlar bilen birlikde mesihiniň ýüň papagyny hem alyp gidýärler.
Ol ýitirmeli bolan zadyny saklap galmaga synanyşdy, ýöne Hudaý şol papagyň beýleki tussaga hyzmat etmegini isledi. Bu tussag Mukaddes Ruhuň özüne beren mesihilik kämilliginiň sapagyny köp ýyllaryň dowamynda ýadynda saklady.
5. Duşmanlaryňa bolan söýgi
Isanyň duşmanyňy söýmeklik (Matta 5:44 seret) baradaky buýrugyny berjaý etmeklik, belki-de, hemme zatdan kyn işdir. Çyn mesihi başga adama, hatda şol adam özüne erbetlik eden bolsa-da, iň gowy ýagşylyklary etmäge hemişe jan eder. Bir adam şeýle diýipdir: «Duşmanyňy ýok etmäniň ýeke-täk mesihilik usuly, duşmany dosta öwrülýänçä söýmegi dowam etdirmekdir».
Rumyn ruhy çopany doktor Pol Negrut garry dostuny onuň sadaja öýüne baryp görýär. Onuň dostunyň ady Trian Dors eken. Pol otagyň içine girende, dostunyň gana bulaşyp oturanyny görýär-de, näme bolanyny soraýar.
Trian:
— Häzirjek bu ýere gizlin polisiýa gelip gitdi. Olar geldiler-de, meniň golýazmalarymy alyp gitdiler. Olar meni urdular, — diýip jogap berdi.
Pol gizlin polisiýanyň iş usulynyň gazaplydygyna gaharlanyp başlaýar. Ýöne Trian ony saklaýar-da, şeýle diýýär:
— Pol dogan, Mesih üçin ejir çekmeklik şeýle süýji bolýar. Hudaý bu gün agşam bizi polisiýa gaharlanmaga däl-de, Özüni alkyşlamagymyz üçin duşurdy. Gel, dyza çökeli-de, dileg edeli.
Ol dyza çöküp, gizlin polisiýa üçin dileg edip başlaýar. Ol gizlin polisiýa ak pata berip, halas etmegini Hudaýdan soraýar. Trian polisiýany şeýle güýçli söýýändigini Hudaýa aýdýar-da:
— Ýa Reb, eger olar ýene bir gezek geläýse, Sen maňa olara gulluk etmäge mümkinçilik ber, — diýdi.
Soň Pol şeýle gürrüň berýär: «Şol wagt men gaty utandym. Men Rumyniýadaky iň kyn durmuşy Reb üçin ýaşaýandyryn öýdýärdim. Men öz pikirlerim zerarly gaty erbet boldum».
Soň Trian Dors gizlin polisiýanyň öz öýüne indi birnäçe ýyldan bäri yzygiderli gelýändigini gürrüň berýär. Ony hepdede iki gezek ýençýän ekenler. Poliseýler onuň işleriniň baryny elinden alypdyrlar. Trian ýenjilip bolandan soň, adatça polisiýanyň ofiseri bilen gürleşýän eken. Trian onuň gözlerine seredip:
— Jenap, men sizi gowy görýärin. Men siziň bir zady bilmegiňizi isleýärin. Eger indiki gezek biz siziň bilen Hudaýyň huzurynda duşuşmaly bolaýsak, siz dowzaha meniň özüňizi ýigrenýändigim üçin däl-de, diňe Hudaýyň söýgüsini inkär edeniňiz üçin gidersiňiz, — diýýär.
Trian bu sözleri her gezek ýenjileninden soň gaýtalaýan eken.
Birnäçe ýyl geçenden soň, günleriň birinde gije Trianyň öýüne şol ofiser gelýär. Trian nobatdaky ýenjilmä taýýarlyk görýär. Emma ofiser onuň bilen mylaýym gürleşip:
— Jenap Dors, biziň indiki duşuşygymyz Hudaýyň huzurynda bolar. Men bu gün size eden ýamanlyklarymyň hemmesi üçin ötünç soramaga geldim. Men siziň söýgiňiziň meniň ýüregime täsir edendigini, şonuň üçin hem Hudaýdan özümi halas etmegini sorandygymy aýtmak isleýärin. Iki gün mundan öň lukmanlar mende rak keseliniň ötüşen görnüşiniň bardygyny bildiler. Meniň Hudaýyň ýanyna barmagyma bary-ýogy iki hepde galdy. Men bu gün siziň ýanyňyza ýokarda ikimiziň bir ýerde boljakdygymyzy aýtmaga geldim.
Mesihileriň hemmesi bilelikde özlerini duz hem nur hökmünde görkezip, aýratynlykda hem her bir adama hakyky agapeni (söýgini) sowgat edenlerinde, olar ýeňiş bilen üpjün bolýarlar.
1. Özüňiziň şu sapakdan alan oňat sapaklaryňyzy ara alyp maslahatlaşyň. Şu sapakda sanalyp geçilen her bir ugur babatda aýratyn bir şahsyýet ýa-da ýerli ýygnak hökmünde ýeten derejeleriňizi we ýetmezçilikleriňizi sanaň. Mümkinçilik bolan badyna siz nämäniň üstünde işlemek isleýärsiňiz?
2. Sapagy ejiz taraplaryňyza toba edip we özüňiziň ýa-da ýerli ýygnagyňyzyň edip bilen işleri üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip dileg etmek bilen jemläň. Öňdäki etmeli işler üçin hem dileg ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Siziň degişli bolan mesihi ýygnagyňyz öz sebitleriňizde nädip duz hem nur bolup biler?
2. Başga adamlara söýgi görkezmäniň haýsy ulgamy size iň kyn zat bolup görünýär?
3. Duşmanyňy söýmek mümkin däl ýalydyr. Şu söýgini görkezmek isleýän mesihä nähili güýç elýeterdir? Öz duşmanlaryňy söýmek, şol bir wagtyň özünde-de olara garşy göreşmek mümkinmi?
18-nji bap
SABYRLYLYK WE RUHLANDYRMA
Ýewreýler 10:25
Hytaýdaky mesihi aýal doganlarymyzyň biri adamsy tussag edilenden soň, alty çagasy hem gaýyn enesi bilen ýeke galýar. Onuň adamsyny dini garaýyşlary zerarly ýigrimi iki ýyla golaý möhlet bilen türmä salýarlar. Ine, onuň özi barada beren gürrüňi:
«Ruhy çopan bolup gulluk edip ýören adamymy 1958-nji ýylyň aprel aýynda türmä basanlarynda, meniň indi ony hiç haçan hem görmejekdigimi aýtdylar. Bu zatlar maňa diýseň agyr degdi. Meniň elimde alty çagam bilen gaýyn enem galdy. Meniň ýüregimi göwnüçökgünlik gaplap aldy. Men Hudaýa ahy-nala edip başladym. Geljek meniň göwnüme şeýle içgysgynç bolup görünýärdi!
Bir gezek gije Hudaý meniň bilen gürleşip:
— Bu zatlaryň hemmesi Menden geldi! — diýdi.
Menem:
— Eger bu zatlaryň hemmesi Senden gelen bolsa, onda, haýyş edýärin, meniň maşgalamy hem özümi gora. Seniň adyňy biabraý etmezim ýaly, maňa kömek et. Men Seniň yzyňa düşmek we Seni şöhratlandyrmak isleýärin! — diýdim.
Şondan soň meniň ýüregimde parahatlyk höküm sürüp başlady.
Adamlar köplenç meni aldaýardylar, emma Hudaý bu ýyllaryň dowamynda meniň bilen bile boldy. Ol, şeýle hem, meni synaga-da salyp gördi. Iň ilkinji synag maşgalany maddy taýdan üpjün etmeklik bilen baglanyşykly boldy. Men gün içinde bary-ýogy segsen sent gazanýardym. Bujagaz gazanja uly maşgalany eklemek mümkin däldi. Emma Hudaý bizi Özüniň Ylýasy üpjün edişi ýaly edip, hemme zat bilen üpjün etdi. Ol maňa Özüniň Çopan hem-de Çeşme boljakdygyna wada berdi.
Bir gün agşam gaýyn enem ertire hiç hili iýmitiň galmandygyny aýtdy. Ol ertir ir bilen öz gyzynyň ýanyna gidip, bize kömek etmegini sorama kararyna geldi. Edil şol gije men Hudaýdan bize näme üçin ertir iýer ýaly iýmit bermändigini soradym. Men dileg edip bolanymdan soň, Onuň: «Eger Men guşlaryň aladasyny edýän bolsam, onda seniňem aladaňy hökman ederin» diýenini eşitdim. Şondan soň men arkaýyn ukladym.
Ertesi güni säher bilen alty bolmaga bäş minut galanda, gapy kakyldy. Men gapyny açanymda, gapynyň agzynda altmyş ýaşlaryndaky bir aýalyň duranyny gördüm. Men ony ozal hiç haçan hem görmändim. Ol şeýle diýdi:
— Siz Elis doganymyzmy? Men sizi kynlyk bilen tapaýdym. Şu zatlary size bermek üçin meni Ruh gönükdirdi.
Ol elindäki sebedini stoluň üstüne goýdy-da, gapa tarap ýöneldi.
Men onuň adynyň kimdigini soradym, ýöne ol:
— Meniň adym ýok. Diňe Rebbe minnetdarlyk bildiräýiň, — diýdi.
Ol aýal gapydan çykdy-da, gaýyp boldy. Men sebediň içine seretdim. Şonda men azyk önümleriniň arasyndan içine elli dollar salynan bukjany tapdym. Hudaý hiç haçan hem giç galmaýar. Biz hiç haçan aç bolmadyk. Meniň gaýyn enem hem:
— Diýmek, men bu gün gyzymyň ýanyna gitmeli bolmaýaryn, — diýdi.
Şunuň ýaly ýagdaýlar köp ýyllaryň dowamynda gaty köp boldy. Adamlar nireden goýberendiklerini ýazman, poçta üsti bilen yzygiderli pul goýberýärdiler.
Ikinji synag partiýa organlary tarapyndan edilen psihologiki basyşlar boldy. Adamymy Hytaý kompartiýasynyň dine garşy bolan syýasatyna boýun bolmandygy sebäpli basandyklary üçin, meni-de kontrrewolýusioner hasaplaýardylar. Maňa ýene bir gezek adamymy gaýdyp görmejekdigimi aýtdylar. Häkimiýet wekilleri her gün öz dini imanymdan el çekip, adamym bilen aýrylyşmaga meni mejbur etmäge synanyşýardylar.
Meni her gün güýçli dartgynlylyk astynda sorag edip, alty sagatlap gynaýardylar. Eger men Rebbi bilmedik bolsam, onda men öz-özüme kast ederdim. Men bolsa Hudaýyň kömegine doly bil baglapdym. Eziji sorag etme mahaly men gözlerimi ýumup, sesimi çykarman ýöne bir dileg edip oturýardym.
Üçünji synag agyr işde jemlenipdi. Meniň garşyma görkezilen aýyplamalar sebäpli, fabrikde ýa-da edarada işlemäge maňa rugsat bermeýärdiler. Alty sagatlyk sorag etmeden soň, men agyr fiziki işde özümiň sekiz sagadymy işlemeli bolýardym. Men her gün segsen sent üçin içi kerpiçli, beton plitaly we sementli wagonetkalary itekleýärdim. Ýük diýseň agyrdy.
Men işde gaty ýadaýardym. Men özümi iş wagty başlanmanka ýadaw duýýardym. Depämden der guýlup durýardy. Gyşyna wagonetkalary iteklemek aýaz hem-de doňan hapalar zerarly has-da agyrlaşýardy. Käwagt sementi ikinji gata pil bilen taşlamaly bolýardym. Men bu zatlaryň hemmesine Hudaýdan özüme kömek bermek üçin yzyny üzmän eden dileglerimiň arkasyndan döz geldim. Ol merhemetini görkezip, maňa güýç berýärdi.
Dördünji synag bedeniň çagyryşynda jemlenýärdi. Adamymy türmä basanlarynda, men otuz dokuz ýaşymdadym. Häkimiýet wekilleri başga adama durmuşa çykmaga mejbur etjek bolýardylar. Eger men olaryň diýenini eden bolsam, maňa başga ýaşaýyş kwartalyna göçmäge rugsat bererdiler. Meniň şahsy kitapçamy gaýtadan ýazardylar. Soň agyr işde öz-özüme zor salyp ýörmeli bolmaýardym.
Ellerine sowgat, pul, eşik alyp, erkek adamlar meniň ýanyma gelýärdiler. Olaryň biri, hatda aýrylyşmak barada resminamalary hem taýýarlady. Olar, hatda gijelerine-de, gapymy arkaýyn kakyp bilýärdiler.
Men olara: «Men mesihi. Men aýrylyşybam, gaýtadan durmuşa çykybam biljek däl» diýýärdim. Hudaý meni şeýle güýçli söýýärdi, şonuň üçin hem, bu synaglaryň hemmesiniň, ýagny özüne çekiji zatlaryň, ajaýyp hem üpjün durmuşda ýaşama isleginiň garşysyna durmaklyga güýç berdi. Men her gezek dileg edenimde, Ol özüme gerek bolan zatlaryň hemmesini, hatda meniň soranymdan hem artykmaç edip berdi.
Ýigrimi bir ýyl sekiz aýdan soň, adamymy türmeden boşatdylar. Ýigrimi iki ýyla golaý wagt aýralyk üçin gaty uzak döwür bolupdy. Emma Hudaý bizi bu synagdan aman geçirdi».
Eger ruhy uruşdaky hüjüm ediji ýaraglar Mukaddes Kitap bilen doga etmeklik bolýan bolsa, onda olar wepalylyk hem-de boýun bolma bilen berkidilmelidir. Hudaýyň öňünde gezmek hem-de Ruhuň miwelerini öndürmek üçin bizde «çydamlylyk» diýilýän häsiýet bolmalydyr.
Resul Pawlus özüniň Rimlilere ýazan hatynda (5:3) çydamlylygyň muşakgatdan gelip çykýandygyny hem-de öz gezeginde häsiýeti emele getirýändigni aýdýar. Resul Pawlus Rimlilere hatynyň yzyragynda çydamlylygymyzyň kömegi bilen Ýazgydan teselli we umyt tapýandygymyzy aýtmak bilen sözüniň üstüni ýetirýär (Rimliler 15:4 seret). Çydamlylygyň kämillige, ýokary derejä ýetmeklige alyp barýandygyny resul Ýakup hem tassyklaýar (Ýakup 1:4 seret).
Resul Ýahýanyň Ylham kitabynda (3:10) Isa çydamlylykda Özüne bolan wepalylygy, ýagny çydamlylygy uzak saklama buýrugyny ýerine ýetirendigi üçin Filadelfiýadaky ýygnagy öwýär. Bu hiç zat etmän el gowşuryp «oturmaga» däl-de, «Rebbiň hiç haçan hem ýeňilmeýändigini takyk bilip, hyjuwly zähmet çekmeklige» edilen çagyryşdyr. Hiç haçan ýan bermeýän adam ýeňiji bolýandyr.
Duşman hemişe çydamlylyga garşy çykmaga synanyşýar. Bu hem ruhy uruşdan soň gelýän güýçli ýadawlyk duýgusyny döredýär. Soň hem ruhy taýdan sustluk ýa-da biziň «yza çekilme», ýa-da «ýan berme» diýip atlandyrýan meşhur ýagdaýymyzyň döwri gelýär. Örän köp mesihiler ýeňşe bäş minut galanda ýan berýärler.
Jon Benýan bu barada «Piligrimiň syýahaty» diýen kitabynda gürrüň berýär. Ol syýahatyň ahyrynda syýahatçynyň Jadylanan Ýurduň territoriýasyna girip, şondan soň hiç haçan oýanmazlyk we öz ýoluny gutarmazlyk üçin uklap galýandygyny aýdýar.
Gazaply yzarlanylma sezewar edilen bir ejizjek hytaýly aýal doganymyz şeýle diýýär: «Gämi deňizde gom turandygy üçin özüniň hereket etmesini bes edip bilmez. Gämä özüniň dogry urug bilen barýandygyna göz ýetirmegi gerekdir. Şunuň ýaly synaglar bolmasa, biz Rebbe nädip gulluk etmelidigini bilmeris».
Durmuş hem şunuň ýaly gämi mysalydyr. Güýçli gomlar turan wagty mesihileriň özlerini şturwala berk daňyp, Hudaýyň wepalylygyna we Mesih Isadaky baky söýgüsine berk bil baglap bilýändiklerine yzarlanylýan Ýygnagyň agzalary şaýatlyk edýär.
Ýewreýlere hatyň (10:19–39) bir bölegi şu mowzugyň görkezme esbaby bolup durýar. Bu bölekdäki 36-njy aýat esasy aýatdyr: «Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gerekdir». Bu aýadyň görgüler, kemsitmeler, türmä salynmalar we emlägiňi döwlet haýryna geçirmeler baradaky oýlanmadygyny bellemek diýseň gyzykly zatdyr.
Güýçli yzarlanmalara sezewar edilen we köp kynçylyklary başdan geçiren bir kubaly ruhy çopandan: «Munuň ýaly agyr şertlerde hemme zady taşlap, boýun bolmak islemeýärmisiňiz?» diýip soraýarlar. Ruhy çopan ýöne bir ýylgyryp: «Eger söweş bolmadyk bolsa, ýeňiş hem bolmazdy» diýip jogap berýär. Bir gezek bir adam şeýle diýipdir: «Öldürmeýän zatlaryň hemmesi meni berkidýär». Eger geçen asyrlardaky ilkinji gelen wagyzçylaryň çydamlylygy bolmadyk bolsa, onda hytaýly doganlarymyzda hytaý dilindäki Mukaddes Kitap bolmazdy.
Robert Morrison şotland tekstil şäherçesiniň garypja etrapçalarynyň birinde önüp-ösýär. Bazar güni mekdebiniň mugallymy bu oglanjygyň ýüregini Isa üçin gazanma synanyşygyny bes etmeýär. Şol mugallymyň çydamlylygynyň arkasyndan ýaşajyk Morrison Isanyň yzyna eýeriji bolup ýetişýär.
Ol Hytaýa ilkinji gelen protestant wagyzçysy bolupdyr. 1800-nji ýyllaryň başlarynda ol Mukaddes Kitaby hytaý diline terjime edýär. Emma iş köp tolgunyşyksyz we howsalasyz bolmandyr. Morrison on alty ýyllap elhenç şertlerde ýaşapdyr. Onuň hytaýly kömekçisi Ako öz «üsti açylaýan» ýagdaýynda gynanylan wagty azap çekmez ýaly, ýanynda hemişe zäher göterýän eken. Soňundan Morrisonuň zähmeti Akonyň özüniň ilkinji mesihe getiren adamy bolmagy bilen sylaglanyldy.
Robert Morrison ilki ogluny, soň hem aýalyny ýitirdi. Emma ol bulara döz geldi. Bu günki gün makaodaky köne gonamçylykda onuň mazarynyň öz ýakynlarynyň mazarynyň ýanyndadygyny görmek bolýar. Bu günki gün onuň bähbitli bolan çydamlylygy Hytaýdaky köp doganlaryň durmuşynda özüniň miwesini berýär.
Doroti Aý Çin häzir Demirgazyk Amerikada syýahat edip, Rebbe gulluk etmezinden öň eline pil alyp ders ýükläp, zähmet lagerinde geçirilen ýigrimi bir ýylynyň netijesinde ösendigini gürrüň berip ýör. Ol özüniň agyr durmuşyndan alan ilkinji sapagy Rebbiň çydamlylyga hormat goýýandygyny açyk aýdyň görkezdi diýen netijä geldi.
Başga bir hytaýly mesihi Gonkongdaky mesihilik radioprogrammasyny alyp baryjy diktora özüniň mesihilik ynamy üçin ýetginjek oglunyň yzarlanylýandygyny ýazypdyr. Bu mesihi öz ogluna: «Haçyň ýoly külpetlidir, ýöne bakylyga barýan bu ýolda biz çydamlylyk görkezmelidiris» diýipdir.
Garry lýuteran ruhy çopany we biziň öňki Birma diýip atlandyrylan häzirki Mýanmeniň Rangunesindäki dostumyz bolan J. J. Endrýus ýygnaga uly hyjuw bilen ýapyşýardy. Birnäçe ýyl mundan ozal wirusly gepatit zerarly onuň gyzy dünýäden ötdi. Iki aý geçenden soň aýaly hem ýürek keselinden ýogalýar. Ýarym ýyl geçenden soň, garaşylmadyk ýerden onuň ogullarynyň biri hem ýogalýar. Endrýusyň göwnüne özi mynjyradylan ýaly bolup göründi. Durmuşynyň şol döwrüni ýatlanda ol: «Şol wagtlar men özümi Eýýub ýaly duýdum, ýöne maňa göwünlik bermäge hiç kim gelmedi» diýýär.
Bolan wakalar barada goňşy Bangkokdaky ýaş filipinli Wer Enrikes hem eşidýär. Ol Endrýus dogana göwünlik bermek üçin ýörite gelýär. Endrýus: «Durmuşymyň agyr gününde maňa goltgy bermäge gelendigi üçin oňa gaty minnetdardyryn» diýýär.
Birnäçe aý geçenden soň Endrýusyň öýünde ýaşaýşa şatlanýan agtyklarynyň gülküleri ýaňlanyp ugrady. Endrýus özüne berlen ýatdan çykmajak sapagy ýatlap ýylgyrýar-da: «Hudaý meniň çydamlylygymy sylaglap, gurbatdan düşen ýüregime şypa berdi!» diýýär.
Bir gezek biz bir ýygnak binasynyň diwarynda:
Hudaý käwagt gomlary köşeşdirýär,
ýöne käwagt gomlara zenzele turuzmaga rugsat berýär…
we Öz çagalaryny köşeşdirýär diýen şygar gördük.
Çydamlylyk — bu tupanlaryň hem gomlaryň zarbasy astynda sarsman durmaly bolan wagtymyz Hudaýyň berýän merhemetidir. Beýlekilere kynçylyklary ýeňip geçmäge we basyşlara döz gelmäge kömek etmekligi hem «Hudaýyň sylagy» diýip atlandyrmak bolar.
Bir gysgajyk tymsalyň manysy barada pugta oýlanalyň.
Bir gezek birnäçe gurbaga tokaýyň üstünden geçip barýan ekenler. Birden, gurbagalaryň ikisi çuň çukura gaçýar. Beýlekileri bolsa, çukuryň töweregine üýşüşip, doňan ýaly bolup galypdyrlar. Olar öz joralarynyň şeýle çuň çukura ýykylanyny görenlerinde, olaryň kysmatynyň dolandygyny aýdypdyrlar. Emma çukura gaçan iki gurbaga joralarynyň aýdýanlaryna gulak gabartman, güýçlerinde baryny edip, çukurdan böküp çykmaga çalşypdyrlar. Beýlekiler bolsa, beýle etmegiň manysyzdygyny, ol ikisiniň sanalgysynyň dolandygyny aýdyp, olary ynandyrjak bolmasyny dowam etdiripdirler. Ahyrsoňunda gurbagalaryň biri joralarynyň sözlerine gulak asyp, ýan beripdir. Ol ýatyp ölüp galypdyr. Emma ikinjisi welin, başardygyndan bökmesini dowam etdiripdir. Gurbagalaryň toplumy ýene-de gygyryşyp, ejir çekmegi bes edip, arkaýyn ölmekligi oňa maslahat bermesini dowam etdirip başlapdyr. Emma gurbaga has-da güýçli tutanýerlilik bilen böküp, ahyrsoňunda çukurdan çykypdyr.
Gurbaga çukurdan çykandan soň, beýleki gurbagalar ondan: «Sen biziň sesimizi eşitdiňmi?» diýip sorapdyrlar. Şonda çukurdan çykan gurbaga özüniň birneme gulagynyň agyrrakdygyny olara düşündiripdir. Ol çukura gaçyp çykan wagtynyň dowamynda beýlekiler özüni ruhlandyrandyr öýden eken.
Kynçylyk wagtynda aýdylan ruhlandyryjy sözler, hakykatdan hem, adamy galdyryp, hemme zady ýeňip geçmäge ýardam edýär. Başga bir tarapdan kyn ýagdaýlarda adama aýdylan weýran edijilikli sözleriň ony öldürmegi-de ahmal. Adamlara bir zat aýdanyňyzda habardar boluň.
Öz ýoluňyzda gabat gelýän adamlara ýaşaýyş sözüni aýdyň. Teselli beriji sözleriň adamy şeýle beýik derejede goldap bilýändigine ynanmagam kyn bolýar. Betbagtçylyklar bilen göreşýän adamyň soňky güýjüni-de elinden alyjy sözleri islendik adam hem aýdyp bilýär. Şonuň ýaly adamy ruhlandyrýan sözleri aýdyp bilýän kişi ak patalydyr.
Birnäçe ýyl mundan ozal amerikaly harby ýesirlere duşmanyň haýsy täriniň öz ruhlaryny üstünlikli öçürip bilendigi barada sorag berýärler. Fiziki mahrum edilmeler ýa-da gynamalar sebäpli harby ýesirleriň ruhdan düşmänligini barlaglar görkezdi. Emma ýekelikde tussagda saklanylmaklygyň ýa-da dostlaryňdan aýryp, kameradan kamera geçirilmekligiň adamy döwmegi ahmal. Soň derňeýjiler ýene bir zady ýüze çykardylar. Esgerler özleriniň degişli bolan uly bolmadyk toparynda biri-birine ysnyşykly bolmakdan esasy güýji alyp bilýän ekenler.
Bu derňewler mesihileriň özlerine Rebbe wepalylygyna galmaga kömek edip biljek beýleki mesihiler bilen gatnaşykda bolmaga näme üçin mätäçdigine çuňrak düşünmäge kömek edýär. Biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyz, hatda iň güýçli gatnaşyklarymyz hem, özümiziň ruhy kämillige ýetmegimiz we çydamlylygy öwrenmegimiz üçin ýeterlik däldir. Bütewi, Ruh tarapyndan birikdirilen Bedeniň içindäki mesihileriň gatnaşyklary ösmegimiz we Halasgäre bolan wepalylygymyzy saklamak üçin hemme taraplaýyn hem wajypdyr (Ýewreýler 10:23–25 seret).
Bütin Mukaddes Kitabyň dowamynda Hudaýyň maşgalasyndaky mesihi doganlary ruhlandyrmalydygy baradaky çagyryşyň ýaňlanyp gaýtalanýandygy eşidilýär. Rimlilere hatyň 12-nji babyndaky Mukaddes Ruhuň beýleki sylaglar bilen bilelikde nesihat berme sylagy hem ýatlanylyp geçilýär. Birneme soňrak Pawlus özüniň Selaniklilere ýazan birinji hatynda: «Şonuň üçin, şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ryhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» (5:11) diýýär.
Nesihat berme — bu başgalary ruhlandyryp, ruhy taýdan oýanmaga kömek edeniňizde berýän goldaw we galkyndyrma aktydyr. Biziň her birimiz özümize şunuň ýaly teselliniň hökmany suratda gerekdigine pespällik bilen düşünmegimiz gerekdir. Umyt — bu adam ruhy üçin howadyr.
Çak Suindoll Ýewreýlere hatda (10:25) ulanylan «nesihat berme» sözüniň köküniň, Ýahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji we 16-njy baplaryndaky Mukaddes Ruhuň hereketini suratlandyrýan sözdügini aýdýar. Ýazar: «Başgalara nesihat berenimizde biz Mukaddes Ruhuň Hudaýyň maşgalasynda edýän işini ýadyňa salýan işi ýerine ýetirýäris» diýen netijä gelýär.
Başga bir meşhur Mukaddes Kitap mugallymy bu pikiri: «Nesihat berme bilen teselli berme adamyň iň beýik borjudyr. Ruhubelent adamyň üstüne bir legen sowuk suwy guýmak hem-de ruhuny söndürmek kyn iş däldir. Dünýä beýlekileriň göwnüni sowatmaga taýýar bolan adamlardan hyryn-dykyndyr. Emma biri-birimize öwüt-nesihat bermeklik biziň mesihilik borjumyzdyr. Öwgi ýa-da minnetdarlyk, goldaw ýa-da höweslendirme sözleri köp halatlarda adamy erbetlik bilen alyp barýan göreşinde ýeňiji bolmaga kömek edýär».
Andreý dogan öz gullugynyň iň başynda Günorta Ýewropa ýurtlaryndaky imandaş doganlary bilen gürrüňdeşlik geçirenden soň, ruhlandyrma sözleriniň şeýle möhümdigine düşünýär. Imandaky doganlar oňa: «Andreý, seniň gelmegiňiň özi on sany wagzyňdan gowudyr!» diýdiler. Häzir hem ol aglaba bölegi musulman bolan ýurtlara baranda, şol bir sözleri eşidýär. Ol «Açyk gapylar» guramasynyň özenini ruhlandyrma işi hökmünde kesgitleýär. Şol sebäpli-de, gullugyň bu görnüşi dürli ýurtlara gaýta-gaýta gidip, mundan beýläkki gatnaşygy ösdürmegiň we zerur bolan materiallar bilen üpjün etmegiň ýa-da gullukçylary taýýarlamakda kömek etmegiň üsti bilen amala aşyrylýar.
Biziň işgärlerimiz Wýetnamyň günorta bölegindäki bir ruhy çopanyň ýanyna barýarlar. Olar wýetnam dilinde gürläp bilmeýärdiler, şonuň üçin hem ol olara uly şübhe bilen garapdyr. Şonda olar Mukaddes Ruhuň gönükdirmesi bilen şunuň ýaly edipdirler. Olar ýygnak binasyna baryp, iňlis dilinde gaty ses bilen dileg edip başlapdyrlar. Wýetnam ruhy çopany hem tizara olara goşulýar. Onuň ýüzünden gözýaşlar syrygyp akyberipdir. Birazrak wagt geçenden soň, şol ruhy çopan olaryň saparynyň şeýle peýdaly bolandygy barada olara hat üsti bilen ýazypdyr.
Ine, onuň hatynyň terjimesi: «Biziň siz bilen bilelikde dileg edip, Isanyň adyny şöhratlandyryp bilýändigimiziň özi meniň ýüregimi tolgundyrdy. Biz dürli dillerde gürlesegem, Rebbiň söýgüsinde we Mukaddes Ruhuň kömegi bilen düşünişip bilýäris.
Biziň ýygnagymyza Mukaddes Kitap bermek isleýändigiňizi biz bilýäris. Biziň mätäçligimiz barada size habar berendigi üçin Rebbimize minnetdarlyk bildirýäris… Ol size Mukaddes Kitaplary getirmäge kömek eder. Özümiziň bu mätäçligimiz barada biz Oňa aýtdyk, indi bolsa jogaba garaşyp otyrys».
Türmelerdäki mesihiler baradaky taryhlaryň hemmesinde-de hemişe ruhlandyrma barada gürrüň edilýär. Mesihileriň türmelerde-de, lagerlerde-de imandaky doganlaryna duş gelýändikleri barada eşitmekligiň özi begendiriji zatdyr. Hudaýyň iki ýa-da üç çagasynyň wagtyny bile geçirip, gatnaşykda bolýandygyny bilmeklik nähili begendiriji zatdyr.
Walentina Sawelýewa ýurda mesihilik edebiýatyny getireni üçin bäş ýylyny sowet lagerlerinde geçirýär. Lagerdäki ýaşaýyş şertleri örän agyr bolupdyr. Şol wagtlarda Hudaýyň öz dilegine jogap berşi barada ol şeýle gürrüň berýär: «Reb meniň mätäçligimi gördi-de, Öz merhemeti bilen meniň ýanyma Nataşa atly mesihi doganymy alyp geldi… Reb ony iň agyr pursatymda maňa ýeňillik bermek üçin iberdi. Biz onuň bilen bile köp dileg ederdik we hemişe biri-birimizi goldamaga çalşardyk. Biziň agşamlaryna lageriň territoriýasyndan daşarda, açyk asmanyň astynda duşuşýanymyz ýadyma düşýär. Biz ol ýerde köp eglenip bilmeýärdik, sebäbi aýaz köplenç kyrk gradusdan aşak düşýärdi. Şonda işçi ädiklerimiz bizi uzak ýyladyp bilmeýärdi. Biz birnäçe minutlap aýdym aýdýardyk, dileg edýärdik. Soň birazrak gyzynmak üçin baraga gaýdyp gelýärdik. Soň ýene köçede duşuşýardyk. Käwagt biz sesimizi çykarman, ýöne bir göge seredip durýardyk…
Käwagt men bir zady, ýagny Rebbiň tizräk özümi ýanyna almagyny isleýärdim. Ýöne Nataşa meni täze güýç bilen doldurýardy. Ol meniň durmuşyma güýçli we oňat täsirini ýetirdi. Men köplenç bu lagere Reb Nataşany meniň üçin iberipdir diýip pikir edýärdim».
Riçard Uormbrand buharest türmesinde bolan on sekiz sany garry adamyň taryhyny gürrüň berýär. Bu «depesinden suw damyp duran penjiresiz jaýdy. Doňup ölüp galmaz ýaly, her kim öz öňünde duran adama gysylyp durýardy. Eger kimdir biri essinden aýylyp ýykylaýsa, beýlekiler ony suwuň içinden galdyryp, dik durmaklyga mejbur edýärdiler. Ýylylygy, goldawy we ýaşaýşy biz biri-birimizden tapýardyk».
Aşakylary imanyňyzyň yglan edilmesi hökmünde sesli okaň:
Indi hiç haçan gorkmaryn, sebäbi «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Timoteos 1:7).
Indi hiç haçan şeýtanyň öz durmuşymdaky üstün bolmasyny duýmaryn, sebäbi biz «Hudaýdandyrys, ýalan pygamberleri ýeňendiris: çünki bizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr» (1 Ýahýa 4:4).
Indiden beýläk hiç haçan özümde paýhassyzlyk duýmaryn, sebäbi men indi «Hudaýyň saýasynda Mesih Isadadyryn. Ol meniň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy» (1 Korint. 1:31).
Indiden beýläk hiç haçan özümi nämedir bir zatlary edip bilmeýän hasaplamaryn, sebäbi men «özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Filipililer 4:13).
Indiden beýläk hiç haçan ýeňilmerin, sebäbi «Hudaý bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýär…» (2 Korint. 2:14).
Indiden beýläk hiç haçan özümi mynasyp däl saýmaryn, sebäbi «Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi» (2 Korint. 5:21).
Indiden beýläk hiç haçan özümi bagty çüwmezek hasaplamaryn, sebäbi «biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris» (Rimliler 8:37).
Indiden beýläk hiç haçan göwnüçökgünlilik duýmaryn, sebäbi «Özüň barada pikirlenýänleri kämil dünýäde saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar» (Işaýa 26:3).
Indiden beýläk hiç haçan birahatlyk duýmaryn, sebäbi Isa: «Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýahýa 16:33).
Indiden beýläk hiç haçan howsala düşmerin, sebäbi «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däldir» (1 Korintoslylar 14:33) we «biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» (1 Korintoslylar 2:12).
Indiden beýläk hiç haçan özümiň umytly ýagdaýymy dramatizirlemerin, sebäbi «ýatsaň gorkmarsyň; hawa, ýatyp süýji uka gidersiň, çünki Reb seniň tarapyňda bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar» (Süleýmanyň pähim. 3:24–26).
Indiden beýläk hiç haçan nägile bolmaryn, sebäbi «her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» (Filipililer 4:11).
Indiden beýläk hiç haçan özümi ýalňyz duýmaryn, sebäbi Isa «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:20) hem-de «seni hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn» diýdi (Ýewreýler 13:5).
Indiden beýläk hiç haçan özümde näme hem bolsa bir zada baglylyk duýmaryn, sebäbi «Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir» (2 Korint. 3:17).
Indiden beýläk hiç haçan howsala we göwnüçökgünlige düşmerin, sebäbi «ähli gam-gussamy Onuň üstüne atýaryn; sebäbi Ol meniň gamhorumdyr» (1 Petrus 5:7).
Indiden beýläk hiç haçan özümde nälet duýmaryn, sebäbi «Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi» (Galatýalylar 3:13–14).
Indiden beýläk hiç haçan özümi ejiz saýmaryn, sebäbi «Reb ömrümiň güýjüdir» (Zebur 27:1).
Indiden beýläk hiç haçan özümi günäkär hasaplamaryn, sebäbi «Mesih Isada bolanlara, ten bilen däl-de, Ruh bilen gezýänlere şindi hiç hili iş kesme ýokdur». Menem Mesihde, şonuň üçin hem men islendik aýyplamadan azatdyryn (Rimliler 8:1).
Indiden beýläk hiç haçan mätäçlik çekmerin, sebäbi «meniň Hudaýym ähli hajatymy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar» (Filipililer 4:19).
Indiden beýläk gelejegiň öňünde gorkup durmaryn, sebäbi «ýazylyşy ýaly: “Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir”. Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi» (1 Korint. 2:9–10).
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Öz häsiýetiňiziň haýsy aýratynlyklary size imanda çydamlylyk görkezmäge kömek edýär?
2. Rimlilere haty (15:4) okaň-da, onda aýdylan zatlary durmuşda nähili görkezip boljakdygynyň gürrüňini ediň.
3. Siz beýlekilere nädip kömek edýärsiňiz we olara nädip goltgy berýärsiňiz?
4. Edil şu pursatda siziň goldawyňyza mätäç bolan dostlaryňyz barmy?
5. Mesihilik durmuşynda ruhlandyrmaklyk näme üçin şeýle wajyp?
6. Sizde haçan hem bolsa bir wagt yza çekilme ýa-da ýan berme meýli peýda bolupmydy?
7. Durmuşyňyzyň kyn pursatynda alan teselliňiz baradaky şaýatlygyňyzy beýlekiler bilen paýlaşyň.
19-njy bap
BAGYŞLAMA WE MERHEMET
Matta 6:14–15
1999-njy ýylyň ýanwar aýynyň 23-inde Awstraliýadan bolan elli sekiz ýaşly baptist wagyzçysy Grem Steýns bilen onuň iki ogly üstüne benzin guýlup ýakylan awtomobilde diriligine ýanýarlar. Bu işi Oriss ştatyndaky hindi induist toparlarynyň agzalary edendir diýlip çaklanylýar. Grem Steýns otuz dört ýylyň dowamynda heýwere keselliler bilen işleýär.
Hindistandaky ýüz millionlarça adamlar Grem Steýnsiň dul galan aýaly Gledis Steýnsiň Injiliň hatyrasyna öz maşgalasyna kast eden adamlary özüniň telewizion çykyşynda bagyşlandygynyň şaýady boldular. Bu çykyş köp adamlaryň ýüreklerini paralap, gözýaş dökmäge çenli alyp bardy. Bir injilçi mesihiniň şaýatlygyna görä, «aýalyň bu işi Hinditsanda Injil üçin köp ýyllyk wagyzçylyk işleriniň hemmesinden-de köp iş eden bolmagy mümkin».
Gledis Steýns ganhorlary bagyşlama islegi barada gürrüň edip bolandan soň, bagyşlamanyň özüni içki awydan halas edendigini, eger bagyşlamadyk bolsa, şol awynyň ýüreginde galjaklygynyň ikuçsuz bolandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Şol pajygaly wakadan soň, onuň öýüne adamlar hemişe gelip, nädip mesihi bolup bolýandygyny soraýarlar.
Meksikanyň Kwidad Huares şäheri habar beriş serişdelerinde «gözýaşlar şäheri» ýa-da «ölüm patyşalygy» diýlip atlandyrylýar. Ýöne 1999-njy ýylyň maý aýynda bolup geçen «Durmuş ’99» atly ajaýyp festiwaldan soň, ol «parahatlyk we umyt» şäherine öwrüldi duruberdi.
Festiwal dowam edip duran wagty köçede Mesih barada şaýatlyk edip ýören toparlaryň biri adaty bolmadyk ýagdaýa düşýär. Bu toparda Samýuel atly ýaş meksikaly ýigit terjimeçi bolup işleýär. Samýueliň ejesi bilen gyz doganynyň öldürilendigi, olaryň öldürilenini onuň öz gözi bilen görendigini toparyň agzalary tötänden bilýärler. Ol bu pajygaly ýagdaýy ýeňip geçmäge synanyşýar, ýöne beýle edip bilmeýär. Samýuel ganhory tanaýandygyny aýdýar.
Ganhordan ar alma islegi ony gysyp-gowrup barýardy. Ýöne soň ol mesihi boldy. Şondan soň onuň durmuşyň hakykatyna bolan garaýşy üýtgedi. Ol Mukaddes Kitaby öwrenýän topara ýolbaşçylyk edýär. Bu toparda ýigrimi adam Mukaddes Kitaby öwrenme bilen meşgullanýar. Ol «Durmuş ’99» festiwalynyň soňky gijesi öz ejesi bilen gyz doganyny öldüren adamyň Isa Mesihi öz Halasgäri hökmünde kabul etmek üçin öňe çykanyny görýär. Samýuel adamlaryň arasyndan geçip, onuň elini gysýar-da, Hudaýyň Patyşalygyna gelendigi bilen gutlaýar. Samýuel bu adamy bagyşlady.
Korri ten Boom Rawensbrýukda bolan elhençliklerini ýygy-ýygydan ýatlaýar. Ol öz ýüreginde öňki milletparazlara bolan mesihilik garaýşyny tapmagyň kyndygyna düşünýär. Olara Hudaýyň rehimdarlygyny görkezip biläýjeginiň hem gümanadygyna düşünýär. Hasabata görä togsan bäş müň aýalyň öldürilen ýeri bolan lagerde söýgi-de ýokdy, bagyşlama-da. Korri ten Boom garawullaryň aýdyp-diýip bolmajak zalymlygyny we dyngysyz işläp duran krewmatoriýanyň peçlerinden burugsap duran tüssäni hiç ýadyndan çykaryp bilmeýär.
Soň 1947-nji ýylda Korri Mýunheniň ýygnagynda çykyş edýär. Ýygnanyşyk gutaranyndan soň Korri konslageriň garawullarynyň iň zalymy bolan bir adamyň özi bilen gürleşmek üçin öňe çykanyny görýär. Ol adam Korrä elini uzadýar. Ol: «Men mesihi boldum. Eden zalymlyklarymyň hemmesini Hudaýyň bagyşlandygyny bilýärin. Siziň agzyňyzdan hem edil şol sözleri eşitmek isleýärin. Haýyş edýärin, meni bagyşlaň» diýip düşündirdi.
Korriniň ýüreginde garşydaş duýgular iki ýana at saldy. Hudaýyň merhemetli Ruhy ony bagyşlamaklyga ruhlandyrdy. Ýöne gazap we rehimsizlik ruhy bu adamdan ýüzüni öwürme islegini döredýärdi. «Isa maňa kömek et. Meniň oňa elimi uzadaýmagym mümkin. Meniň şeýle edäýmegim mümkin».
Olaryň ikisiniň elleri duşuşanlarynda olar gözýaşlaryň arasyndan ýylylyk bilen şypa geçip giden ýaly bir zady duýdular. Korri: «Doganym, men sizi bütin ýüregim bilen bagyşlaýaryn» diýdi. Soň ol munuň şol öz ýüregine Hudaýyň söýgüsini goýan Mukaddes Ruhuň güýji bolandygyny gürrüň berýär.
Bagyşlama — mesihiniň gorhanasynda bar bolan iň güýçli serişdeleriň biridir. Nädip bagyşlap bolýandygyna ýa-da bagyşlamanyň näme üçin gerekdigine dünýä düşünmeýär. Bagyşlama — adamyň adama möjek ýaly garaýan bu dünýäsinde adaty bolmadyk zatdyr. Mundan başga-da, bagyşlan wagtymyz agyryny ýeňip geçmeli bolýarys, sebäbi munuň ýaly meýletin aktyň her biriniň aňyrsynda agyry bilen dönüklik ýatyr. Bagyşlamak islemezlik adama öňküsinden-de artyk agyry berýär hem-de çynlakaý duýgy, durmuşy we fiziki zeper ýetirýär.
Bir aziýaly mesihi aklawçysy şeýle diýýär: «Mesihiligiň beýleki dinlerden näme bilen tapawutlanýandygyny ýa-da mesihileriň beýleki dinlere ynanýan adamlardan näme bilen tapawutlanýandygyny we eýsem, dinleriň hemmesiniňem şol bir zady düşündirmeýänmidigini soranlarynda, men hemişe bizi bagyşlap bilme ukybynyň tapawutlandyrýandygyny aýdýaryn».
Özümizden ötünç soramadyk ýagdaýynda hem bagyşlamak gerekdir. Isanyň haçda aýdan ilkinji sözleriniň biri-de bagyşlama sorama sözleri boldy: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» (Luka 23:34). Isany haça çüýlän esgerleriň hiç haýsysy-da Ondan ötünç soramady, ýöne Isa olaryň bagyşlanma mätäçdiklerine düşünýärdi.
Bagyşlama işi diňe Mukaddes Ruhuň güýjünde mümkin bolup bilýändir. Bagyşlamaklykda Hudaýyň söýgüsi aýdyň görünýär. Biz Hudaýa meňzeş bolmaklyga hem-de hemme zatda Oňa çalymdaşlyk görkezmäge çagyrylandyrys.
Bagyşlamanyň nämedigine düşünmek üçin bagyşlamazlygyň nämedigine akyl ýetirmegimiz gerekdir.
• Bagyşlamaklyk doly ýatdan çykarmaklygy aňladýan däldir. Çuň ýaralar adamyň ýadyndan hemişe süpürilip aýrylýan däldir.
• Bagyşlamaklyk ylalaşmaklygy aňlatmaýar. Ylalaşmaklyk üçin iki adamyň islegi gerekdir, ýöne ejir çeken tarap özüni ynjydan adamy ylalaşmazdan hem bagyşlap biler.
• Bagyşlamaklyk birini başyna goýbermekligi ýa-da perwaýsyz bolmaklygy aňlatmaýar. Bagyşlamaklyk hökman erbet ýa-da jogapkärçiliksiz hereketi oňlamaklyk däldir.
• Bagyşlamaklyk öýke-kineler baradaky pikirleri özüňden kowmagy aňlatmaýar. Tersine, bagyşlaýan adam özüniň ynjydylmagyna örän çynlakaý garaýar. Ol ony nähilidir bir ähmiýetsiz ýa-da wajyp bolmadyk bir zat hasaplamaýar.
• Bagyşlamaklyk «çydamak» diýen dumanly düşünje bilen deň bolan bir zat däldir. Eger şonuň ýaly bolsa biz, gowy bolanda, diňe bagyşlama meňzeş bolan öýkünmäniň iň pes probasyny alarys. Erbet bolanda, durmuşyň çynlakaý meselelerini göz öňümizden ýok edip goýberýäris.
• Bagyşlamaklyk günäkäriň üstünden günäsini aýyrmaklygy ýa-da ony aklamaklygy aňlatmaýar. Adamy günäsiz diýip yglan etmek — kaza berlen ygtyýardyr. Günäkäri eden işleriniň netijesinden diňe kazy azat edip bilýär, muny, mysal üçin, jeza berme görnüşinde edip biler.
Bagyşlamaklyk — bu öýke duýgusyndan ejir çekýäni azat edýän şahsy işjeňlikdir. Ýazgy bölekleýin ýa-da çete süýşürilip goýlan bagyşlamany talap edýär. Bagyşlamaklyk doly hem gutarnykly bolup, özüňi ynjydan adama bolan ýaman duýgular bolmaly däldir, şeýle hem, şol adam bilen gatnaşyklar dikeldilmelidir we ösdürilmelidir.
Mukaddes Kitap taglymatyna laýyklykda bagyşlamaklyga berilýän häsiýetnama:
1. Bagyşlaň, sebäbi Hudaý sizi bagyşlady
Köne Ähtde günäleriň bagyşlanylmagy üçin nämäniň talap edilýändigine degişli bolan kesgitli zatlar köpdür, sebäbi günäleri diňe Hudaý bagyşlap bilýändir. Biz Dawudyň: «Ähli ýazyklaryňy bagyşlaýan…Oldur» (Zebur 103:3) diýip ýüzlenýänini eşidýäris. Hatda, ýamanlyk edilmeleriň netijesinde güýçli ejir çeken bolsa hem, käbir adamlaryň bagyşlandygyny biz görýäris. Muny özüni gulçulyga satan doganlaryny bagyşlan Ýusubyň mysalynda-da görmek bolar. Ýusup bagyşlamak bilen hakyky azatlyga ýetdi. Ol öz ogullarynyň birine Manaşe diýip at dakdy. Bu bolsa «unutmaga ýardam eden» diýmekligi aňladýar.
Biz Täze Ähtde öz günälerimiz sebäpli ölmek üçin Hudaýyň Guzusy Isanyň adamlaryň dünýäsine gelişini görýäris. Biz Onuň döken gany arkaly öz günälerimiziň hemmesine bir gezekde hemişelik bagyşlama alýarys. Bu «Hoş Habar merhemetidir». Bagyşlama — bu sowgatdyr. Biz ony gazanmadyk, ýöne Hudaý Özüniň merhemeti bilen bagyşlamany heläk bolup barýan dünýä Özi sowgat berýär.
Soň biz bagyşlama kararyna gelen adama bagyşlamanyň nähili täsir edýändigi barada okap bilýäris. Netijede olar özlerine aýdylan «öz duşmanyňy söýmeklik» ýa-da «özüňizi yzarlaýanlar üçin dileg etme» ýaly ahlak çagyryşlary ýerine ýetirmeklige ukyply bolýarlar.
Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew-birewden kinäňiz bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň (Koloseliler 3:13).
Galyberse-de, bagyşlamaklyk iman işidir. Başga birini bagyşlanymda adalatlylyk talaplaryny maňa garanda Onuň gowy ýerine ýetirjekdigine ynam baglaýaryn. Bagyşlamak bilen men bu meseläniň soňuna çykma hukugymy durmuşa geçirýärin hem-de meseleleriň hemmesini çözmekligi Hudaýyň eline berýärin. Adalatlylyk bilen rehimdarlygy deňäp bilýän terezini men Hudaýyň elinde galdyrýaryn. Bu barada Filip Ýansi özüniň «Whot’s Amazing About Grace?» diýen kitabynda Hudaýyň haýran ediji merhemeti we rehimdarlygy barada gürrüň berýär.
2. Bagyşlaň, sebäbi geljekdäki siziň bagyşlanmaňyz hem şoňa baglydyr
Bize diňe bir başgalary bagyşlamaklyk tabşyrylmandyr. Biz Isanyň taglymatyndan ýene bir zady bilýäris. Biziň bagyşlamamyz özümiziň öýkä bolan garaýyşlarymyza bagly bolýar.
Özümiziň köplenç «Rebbiň dilegi» diýip atlandyrýan dilegimizde, ýagny şägirtleriň dileginde Atamyzdan özümiziň başgalary bagyşlaýşymyz ýaly, Onuň hem bizi bagyşlamagyny soramaklygy Isa öwretdi. Dileg etme tamamlanan badyna, Isanyň taglymatynyň dowamy hökmünde, bir üýtgeşik bellik gelýär:
Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz (Matta 6:14–15).
Bu takyk hem ikuçsuz tassyklamadyr. Ony başgaça düşündirmek hem mümkin däldir. Biziň geljekki bagyşlanmamyz özümiziň bagyşlamaga taýýarlygymyza hem-de başga adamlary bagyşlama aktyna gönüden-göni baglydyr.
Petrus Isadan günä eden doganyňy näçe gezek bagyşlamalydygyny soraýar. Petrusyň özüni diýseň geçirimli adam hökmünde görkezmek isläp, ýedi gezege çenli bagyşlamaga taýýardygyny görkezen bolmagy-da mümkin. Şonda Isa hemmelere mälim bolan haýran galdyryjy jogabyny berip: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek diýýärin» (Matta 18:22) diýip jogap berýär.
Soň Isa özüne rehim edilmegini soran, netijede köp günäleri bagyşlanan bir adam baradaky tymsaly aýdýar. Emma köp günäleri bagyşlan adam özüne azajyk zat bergili bolan başga bir adama duşanda, oňa rehim edip bagyşlamak islemeýär. Tymsalda patyşa şol adamy zyndana taşladyp, özüniň ummasyz bergisini berýänçä, ýençmekligi buýurýar. Soň şeýle netije gelýär: «Siziň haýsyňyz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder» (Matta 18:35).
3. Bagyşlaň, sebäbi bagyşlamaklyk şypa bilen ruhy sylag getirýär
Isanyň taglymatyna laýyklykda, mesihiler hökmünde biziň özümize ýamanlyk eden adamlary bagyşlamalydygymyza hiç hili şübhe ýokdur. Şonda biziň çäklendirilen adam aklymyz bedende gaty gygyryp we närazy bolup: «Näme üçin? Näme sebäpden?» diýip gaharlanyp başlaýar.
Filip Ýansi biziň näme üçin bagyşlamalydygymyza örän wajyp bolan üç sany praktiki jogaby teklip edýär.
Aýyplamanyň, agyrynyň, ar alma isleginiň we jogap edip agyry bermäniň ýapyk töweregini kül-peýekun edip bilýär.
Täze Ähtdäki «bagyşlamak» sözi göni manysynda «azat bolmagy, özüňi boşatmagy, bir gyra çekilmegi» aňladýar. Agyrynyň dyngysyzlygyny aradan aýyrmagyň ýeke-täk ýoly, saklanyp, bagyşlamakdyr. Diňe şondan soň parahatçylygy we düşünişmekligi dikeltmäge gönükdirilen täze gatnaşyklara başlap bolar. Rus ýazyjysy Solženisyn biz haýwanat dünýäsinden bagyşlama ukubymyzyň barlygy bilen tapawutlanýarys diýip hasaplaýar. Diňe adamlar «adaty bolmadyk» bu hereketi edip, tebigatyň birehim kanunlaryndan üstün çykyp bilýär.
Emma şübhe bagyşlamaklygyň özünden hem kynrak bolup biler. Bir gezek bir mugallyma öz talyplaryna sapaga bir sany boş polietilen paketini, ýene bir sany kartoşkaly paket getirmekligi buýrupdyr. Her talyp kartoşkalaryň ýüzüne özüniň bagyşlamak islemeýän adamynyň adyny ýazyp, ony boş paketiň içine salmaly eken. Talyplaryň käbirleriniň paketleri gaty agyr bolupdyr.
Soň olara «bagyşlanylmadyk kartoşkaly» paketi bir hepdeläp ýanynda götermeklik, gijesine öz ýanyňda krowadyň gapdalynda goýmaklyk, bir ýere gideniňde maşynyň oturgyjynda öz ýanyňda goýmaklyk, iş ýerinde hem iş stolunyň ýanjagazynda goýmaklyk buýrulypdyr.
Bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda, özüňde bagyşlanylmadyk kineleriň ruhy ýüküni göterip ýörmekligiň näderejede kyndygy düşnükli bolýar. Olaryň bagyşlap bilmäge we ýatdan çykarmaga ukypsyz bolandyklary zerarly şol kinelere gaty köp üns berýändikleri hem ýüze çykýar. Hakyky durmuşda kartoşkalar ahyrsoňunda çüýräp, erbet ys ýaýradyp ugraýar. Bu ýerde aýdyň deňeşdirme görünýär! Bu agyry we negatiwizmden saplanma islemezligimiz üçin tölemeli bolýan tölegimizdir! (Negatiwizm — psihiki taýdan nähoş bolan adamyň her hili daşky täsirlere manysyz garşylyk görkezmesidir). Biz bagyşlamany öz göwnümize degen adamyň mynasyp bolmasa-da alan sowgady hasaplaýarys, aslynda bagyşlamaklyk özümiz üçin hem sowgatdyr!
Göwnümize degen adamyň özümizden ötünç soramadyk ýagdaýynda hem biziň ony bagyşlamagymyz, şol adamy gandallan zynjyrlary üzüp, ony ezýän günä duýgusyndan azat edip biler. Ölümden direlen Isa Petrusy bagyşlamanyň üç tapgyryndan geçirýär. Bu bolsa Petrusa galan ömrüne Hudaýyň Ogluna dönüklik edendigi sebäpli, geljek günä duýgusyny duýman ýaşamaklyga ýardam edýär.
Bagyşlaýan adam bagyşlamasy sebäpli göwnüne degen adam bilen bir derejede durýär.
Bagyşlama ýagdaýynda biz özümize garşy günä eden adamdan hiç hili tapawutlanmaýandygymyza düşünýäris. Biz özümize garşy günä eden bilen bir tagtanyň üstünde durýarys.
Aslyýetinde, Hudaý tene öwrülip, biziň bilen deň derejede durdy. Hudaý Özüniň şeýle güýçli söýýän ýaradanlary üçin bir zat etmek gerekdi. Ol biziň aramyzda ýerde ýaşanda, Özi günäsiz bolsa-da, adam bolup ýaşamagyň nämedigine şahsy tejribesinde düşünýär. Ol biziň bilen bir hatarda durýar. Hudaý biziň günälerimiz üçin günäsiz bolan Kişini jogapkär etdi…
Bagyşlamaklyk ýeňiş gazanyjy we hemme zatdan üstün çykyjy hyzmatkär esgeriň esasy ýaşaýyş komponentidir. Bu bizi «ýeňijiden hem beýik» bolmaklyga tarap alyp barýan haç ýoly şeýledir.
Kambojili ýaş mesihi Çemiň göz öňünde gyzyl khmerleriň esgerleriniň biri, Çemiň mekdep ýyllaryndan bäri tanaýan bir oglany onuň ejesini dubinka bilen ölüm halyna çenli ýençýär.
Çem köp aýlaryň dowamynda bu elhenç ýagdaýyň eýmenç ýatlamalaryndan ýaňa güýçli ejir çekýär. Emma Hudaý ahyrsoňunda oňa öz üstünden ýeňiş gazanmaga kömek edýär.
On ýyl geçenden soň, Çem Pnom-Penýanyň uly köçesinden ýöräp barýarka, öz ejesini öldüren şol ýaş ýigidi görýär. Ol oglan Çemiň özüne ýakynlaşyp gelýänini görende, onuň ar alaryndan gaty gorkýar.
Çem gözlerini gözýaşdan dolduryp, oňa: «Isanyň ady bilen men seni bagyşlaýaryn» diýýär. Şeýdip, Çem Mesihdäki hakyky azatlygy gazandy.
Hyzmatkär esgeri taýýarlama derejesiniň häsiýetnamasyny biz soňa goýduk. Ol rehim hem merhemet görkezip, mesihi durmuşynda ýaşama ukyby bilen häsiýetlendirilýär.
Rehim etmeklik — hoşamaýlyga ýa-da ýagşylyga mynasyp bolmadyk, hiç haçan mynasyp hem bolup bilmejek adama hoşamaýlyk ýa-da ýagşylyk etmekdir. Hudaýyň rehiminiň ýüze çykmasy hemişe bir zady nähilidir bir işleriň esasynda gazanyp almaklyga çürt-kesik garşy goýulýar. Gürrüň her gezek rehim barada gidende, mynasyp bolunmadyk sylagyň alnandygy göz öňünde tutulýar. Sylagy alyjy hiç ýagdaýda-da mynasyp bolmadyk sylagyny alýar. Rehim diňe rehim edýäniň rehimdarlygy boýunça ýüze çykýar.
Mundan başga-da, rehim hemme taraplaýyn we dolulygyna gaýtargysyz edilýär. Hiç kim hiç haçan eden rehimdarlygy üçin sizden töleg soramaz. Eger siz şeýle etmek isleseňiz-de, munuň ýaly edip bilmersiňiz. Rehim bize gaýtargysyz we hiç hili şertsiz berilýär. Bu mynasyp bolunmadyk mähremlik aktydyr. Ol köp ýagdaýlarda kemsidilenler we ret edilenler babatda şeýle bolýar.
Mesih gulluk edýän adamyň Öz Patyşalygynda iň beýik boljakdygyny bize ýatlatmak üçin gökden ýere düşdi. Ygtyýarlylyk basgançagy ýokary gidýändir, rehim basgançagy aşak gidýändir. Doktor Donald Barnhaus bu barada: «Ýokary gönükdirilen söýgi “sežde etmeklik” diýlip atlandyrylýar; daşardan gelýän söýgi “ysnyşyklyk” diýlip atlandyrylýar; aşaklygyna gaýdýan söýgi “rehim” diýlip atlandyrylýar» diýip, iň gowy pikiri aýdýar.
Isa rehimli gatnaşyklaryň bolmalydygy barada öwretdi we rehimdarlylyk içinde ýaşady. Resul Pawlus Isanyň şöhratynyň «merhemetden we hakykatdan doly» (Ýahýa 1:14) bolanlygyny aýdýar. Isa talaplar, düzgünler, kanunlar, şertler we ikiýüzli dini ýolbaşçylar tarapyndan garaşylmalar dünýäsine gelip, endik bolmadyk we garaşylmadyk tärde gulluk etdi.
Resul Ýahýa rehim we merhemet barada gürrüň edip, sözüni: «Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk» diýmek bilen dowam etdirýär. Ýahýa we Isanyň beýleki şägirtleri meşhur adamlar boldular. Olar Mesihe meňzeş boldular. Ol adamlar öz durmuşlaryny durşuna üýtgeden Isanyň sabyrlylygy, söýgüsi, ýylylygy, duýgudaşlygy bilen şöhlelendirildiler.
Şeýlelikde, rehim we merhemet mesihiligiň dünýä berýän iň gowy sowgadydyr. Bu ar almadan has güýçlüdir, jynsparazlyk bilen ýigrençden has güýçlüdir. Ýöne, gynansakda, ýygnak käwagt rehim bilen merhemete diýseň mätäç bolan dünýä Filip Ýansiniň «antimerhemet» diýip atlandyrýan garaýşyny görkezýär.
Çarlz Suindoll merhemetiň şol duşmanlaryny sanaýar:
Daşardan gelýänleri: kanunçylyk, özüňe bil baglama, däpler, manipulirleme, töwerekdäkilere ýokarlandyrylan talap, negatiwizm, gözegçilik, bäsdeşlik, tankyt, özüňe nebsiň agyrma, ownukçyllyk we başgalaryň hasabyna ýaşamaga synanyşmaklykdyr.
Içden gelýänleri: tekepbirlik, göripçilik, ýigrenç, ajylyk, bagyşlamazlyk ruhy, goragsyzlyk, günä we utanç duýgulary, gybat, ikiýüzlülik we başga-da köp zatlar.
1. Hudaýyň merhemetiniň iş ýüzündäki işleri
Merhemetden gelýän azatlygyň üýtgedişi ýaly, bizi hiç zadyň hem üýtgetmäge güýji ýetýän däldir. Hudaýyň merhemetiniň biziň durmuşymyzda diýseň takyk netijeleri bardyr.
Kimde Hudaýyň teklip edýän azatlygy bar bolsa, şol adam Hudaýyň rehimdarlygynyň netijesinde eýe bolan sylaglary üçin minnetdarlyk duýgyny başdan geçirýär. Bular bagyşlama, ýaşaýyş, şatlyk, saz, owadanlyk we dostluk sylaglarydyr.
Wagtyň we güýjüň az bölegi tankyda we başgalaryň nähili ýaşaýandygy babatdaky aladalara gidýär.
Hudaýyň rehimdarlygynda we azatlygynda ýaşanyňyzda siz az mukdarda ownukçyl bolýarsyňyz. Hatda adamlaryň saýlawyny goldamaýan ýagdaýyňyzda hem olara nähili ýaşamak isleýän bolsalar, şonuň ýaly hem ýaşamaklyga rugsat berýärsiňiz. Merhemetden doly bolan mesihi—bu dünýä we beýleki adamlara «rehimdarlyk prizmasynyň» arasyndan garaýan adamdyr.
Rehimli adam has çydamlyrak bolma we beýlekileri azrak ýazgarmak isleginiň bardygyny görkezýär.
Öz şahsy ýaşaýşyňyz üçin rehim we merhemet almak bilen gümra bolanyňyzda, mundan artyk ylalaşmaýan adamlaryňyzy günäkärlemeýärsiňiz.
Hudaýyň rehimi bilen merhemeti size kämillige barýan ýolda mähnet ädimlerini ätmäge mümkinçilik berýär. Siziň merhemete düşünmäňiziň oýanmagy arkaly dünýäňiz ýaýbaňlaşdygyça, kämilligiňiz hem öser. Şondan soň siz hiç haçan öňki adam bolmarsyňyz!
2. Merhemet Hudaýyň rehimini kabul etmek islemeýän jemgyýetde
Mesihi Hudaýy inkär edýän jemgyýetde nädip rehim bilen merhemeti ýaýradyp biler? Biziň geçen baplarda belläp geçişimiz ýaly, Ylýas gowaklarda gizlendi. Başga bir tarapdan onuň döwürdeşi bolan Awdiý Ahawyň köşgünde hyzmat edýänleriň arasynda işläp, näletkerde hökümdaryň gyrmakçy bolan pygamberleriniň janyny goramagy başardy. Ester bilen Danyýel butparaz patyşalara gulluk etmeli boldular. Isa rim hökümdarynyň suduna boýun boldy. Pawlus öz işiniň kaýsaryň garamagyna berilmegini sorady.
Ýygnak dünýä üçin örän möhüm bolan işi, ýagny Hudaýyň rehimini görkezme işini etmelidir. Özüniň adamlary söýmegine päsgel berilmegine Isa ýol bermedi. Hut şu sferada hem bize Mukaddes Ruhuň sylaglary örän wajypdyr. Gatnaşyk syýasatynda dogry orny eýelemelidigimizi ýa-da beýleki adamlardan ahlak artykmaçlygymyzyň bolmalydygyny däl-de, özümizi tapawutlandyrýan bir häsiýetimiziň, ýagny adamlara söýgimiziň bolmalydygyny Isa bize aýtdy. Pawlus özüniň Korintoslylara ýazan birinji hatynda söýgimiz bolmasa, biziň hiç zat däldigimizi aýdýar.
Merhemete wepalylyk we adamlara bolan rehimli gatnaşyklarymyz, mesihileriň ýerdäki häkimiýet bilen doly ylalaşyklykda ýaşajakdygyny aňlatmaýar.
Zambiýanyň öňki prezidenti Kennet Kaunda: «Halka köşkdäki mesihi hökümdar däl-de, halk arasynda eşidilýän mesihi pygamberi gerek» diýip ýazypdyr.
Isa dünýäniň Özüni ýigrenişi ýaly, bizi hem ýigrenjekdigini aýdyp duýdurypdy. Rim imperiýasyndaky irki Ýygnak ösdügiçe, «Isa Rebdir» diýen şygar rim häkimiýetlerine bildirilen göni garşylyk bolupdy. Gapma-garşylyklar ýakynlaşan wagty batyr mesihiler ýokarky, gökdäki ygtyýarlyklary çagyryp, döwletiň garşysyna çykyş etdiler.
Köp asyrlaryň dowamynda şol bir taryh gaýtalandy durdy. Gul eýeçiligindäki eden-etdiligiň soňuna-da, hut mesihilik nokat goýdy. Şol bir energiýa işçiler hereketini, beýleki adam we raýatlyk kompaniýalarynda bolşy ýaly, aýallaryň ses berme hukugy hereketini ýola goýdy.
Bu zatlaryň hemmesinde ýylanlar kimin paýhasly, kepderi kimin sada bolmak gerekdir. Hereketlerimiziň hemmesi-de — hatda garşylykşy bolan hereketlerimiz hem — merhemet bilen şöhlelendirilmelidir. Özümizde rehime garşydaş bolan pikirler peýda bolanda, biziň geljek kararlarymyz barada gowuja oýlanmagymyz gerekdir.
Döwlet bilen ýygnagyň arasyndaky ýyly gatnaşyklar döwlet üçin amatly, ýygnak üçin zelelli bolýar.
Hut şu ýerde hem Hudaýyň merhemeti hem rehimi üçin esasy howp gizlenendir. Merhemetsiz kanunlar bilen dolandyrylýan döwlet, bütin dünýäde bolup geçişi ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan Ýygnagyň dünýä üçin taýýarlan Hudaýyň rehiminiň we merhemetiniň beýik habaryny ýitirip başlaýar.
Iň gowy tarapy Ýygnak döwletiň talapkär häkimiýetiniň garşydaş tarapy bolup, garşy durma güýji hökmünde işleýär. Ýygnak döwlet üçin näçe «oňaýly» bolsa, onuň dünýä niýetläp getiren habary az manyly bolýar. Haýsy-da bolsa, bir döwletiň Isanyň Mattanyň Hoş Habarynda (5–7) berlen Dagdaky wagzyna esaslanan kanunlar toplumyny kabul edenini siz göz öňüne getirip bilýärmisiňiz?
Döwlet dynç günleri dükanlara we teatrlara işlemäge rugsat bermän biler, ýöne ol adamlary Hudaýa sežde etmeklige mejbur edip bilmez. Döwlet ganhorlary tussag edip jezalandyryp biler, emma olaryň ýigrenjine şypa berip, adamlara bolan söýgi döredip bilmez. Döwlet nika bozma işlerini kynlaşdyrýan kanunlary çykaryp biler, emma ärlere öz aýallaryny söýmäge, aýallary hem ärlerine hormat goýmaklyga mejbur edip bilmez. Döwlet garyplara pul kömegini berip biler, emma baýlary garyplara rehimli, duýgudaş we adalatly garamaklyga mejbur edip bilmez. Döwlet ýanýoldaşyňa ikilik etmäni gadagan edip biler, emma islegleri, ogurlygy, erjelligi, ýalany ýa-da tekepbirligi gadagan edip bilmez. Döwlet adamlary ýagşylyk etmeklige çagyryp biler, ýöne adamlar munuň bilen mukaddes bolup bilmeýärler.
Şeýlelikde, Ýygnak, goý, Ýygnaklygyna galsyn. Goý, ol Ýygnak hökmünde söýgi bilen hakykatda we birlikde hemme zatdan beýik bolan rehim hem-de merhemet bilen hereket etsin, her bir mesihi üçin herekete getiriji öwüt-nesihat bolsun.
3. Adamlary Hudaýyň rehimi bilen nädip galkyndyrmaly?
Beýleki adamlary rehimiň şöhratly azatlygy bilen ukudan oýarmak üçin biz nädip rehimden güýçli doly bolup bileris?
Munuň üçin hemme zatdan öňürti özümiziň şahsy adamçylyk ejizligimizi boýun almalydyrys. Başga sözler bilen aýtsak, doly dogruçyllyk bilen özümize: «Men bary-ýogy adamdyryn. Men sende täsir döretmäge synanyşjak däldirin» diýmegimiz gerek. Hudaýyň merhemeti adamlarda hut şunuň ýaly bolup oýanýar.
Soň munuň üçin sada gatnaşyk gerekdir. Hudaýyň merhemeti sadalygy şatlyk bilen makullaýar. Kyn ýollara kaýyl bolmaklyk bize hiç kimiň beden boýunça hereket edip bilmejekdigine we hiç kimiň öz güýji bilen gowy işleri edip bilmejegine düşünmeklige mümkinçilik bolýar.
Biz diňe Hudaýyň beýik rehimi bilen Onuň haýran galdyryjy merhemetini görkezip bilýäris.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Näme üçin bagyşlamak şeýle kyn bolýar?
2. Bagyşlamanyň hakyky ak patasy nämede jemlenendir?
3. Näme üçin mesihiniň durmuşynda Hudaýyň rehimi we merhemeti şeýle möhüm?
4. Siz öz ýygnagyňyzda «merhemetiň duşmanlarynyň» haýsysyny görüp bilýärsiňiz?
5. Geljekde rehim bilen merhemeti nädip görkezmekligi ýüregiňize düwdüňiz?
VI-NJY BÖLÜM
Ýeňiş
20-nji bap
DABARALANAN ÝEŇIJILER
1 Korintoslylar 15:57
Parižde ýaşan lukman Feliks Ru meşhur mikrobiolog Lui Pasteriň egindeşi bolupdyr. Lukmanyň gyz agtygy gara difteriýadan ýogalypdyr. Şonda lukman Ru agtygyny nämäniň öldürendiginiň anygyna ýetmäge ant içýär. Ol köp aýlaryň dowamynda öz kärdeşi Lui Paster bilen wirus teoriýasynyň diňe ýöne bir teoriýa däldigini subut etme niýeti bilen barlamhanadan çykman diýen ýaly oturypdyr.
Lukmanlar assosiýasy Pasteriň işlerini goldaman, ony şäherden gitmeklige mejbur edipdir. Paster Parižiň golaýynda mesgen tutup, ol ýerde bir barlamhanany enjamlaşdyrýar-da, gadagan edilen derňewler bilen meşgullanmasyny dowam etdirip başlaýar.
Günleriň birinde howul-haralykda gurlan bu barlamhana ýigrimi sany ajaýyp aty getirýärler. Yglan edilen barlagy görmek üçin alymlar, lukmanlar we şepagat uýalary gelýär. Polat gutyny açyp, ondan uzak wagtyň dowamynda yhlas bilen ösdürilen gara difteriýanyň mikroblary bilen doldurylan uly bir gaby çykarýar. Gabyň içinde bütin Fransiýany ýok eder ýaly mukdarda mikrob bardy.
Alym her atyň ýanyna baryp, olaryň burunlarynyň deşigine, dillerine, bokurdaklaryna we gözlerine ölüm howply bolan mikroblary çalýar. Bir atdan başga hemmesine bu kesel ýokuşyp ölýärler. Barlagyň gidişini synlap duranlaryň köpüsi soňky atyň ölerine garaşyp durup bilmedi.
Bu at ýene birnäçe günüň dowamynda otuň üstünde keýpsiz ýatyp, uzaga çeken kesel bilen göreşdi. Paster, Ru we olaryň ýene-de birnäçe kömekçileri ýörişe gidilende ýatylýan düşekde athanada ýatdylar. Atyň gyzgyny üýtgän ýagdaýynda nobatçy duran adam alymlary oýarmaly eken.
Gije sagat ikileriň ugrunda atyň gyzgyny birneme pese düşýär. Şonda nobatçy Runy oýarýar. Daňa golaý onuň gyzgyny ýene iki dereje pese düşýär. Ertesi güni agşama çenli gyzgyn doly aýrylýar-da, at ýerinden turmagy başarýar we iýip-içip başlaýar.
Soň lukman Ru demirçilik çekijini alyp, ajaýyp atyň iki gözüniň ortarasyna ölüm howply urgy bilen ýelmeýär. Alym ölüm howply kesel bilen keselläp, ony ýeňip geçmegi başaran atyň damaryndan gan alýar. Soň alymlar Parižiň munisipal keselhanasyna howlukmaçlyk bilen gidýärler. Olar garşy çykylmalara, gaharlanmalara garaman, dolandyryjynyň we garawullaryň ýanyndan geçip, ölüm howpy astynda aýratynlykda ýatyrylyp goýlan üç ýüz sany bäbegiň ýatan otagyna girýärler. Olar çagalaryň hemmesine atyň ganyndan sanjym edip çykýarlar. Ol çagalaryň üç sanysyndan başga hemmesi doly gutulýar.
Şol çagalary wiruslary ýeňen gan halas edýär. Biziň Ýeňijimiziň gany hem köp adamlara ruhy halas bolma berdi. Halasgärimiz başgalara ýaşaýyş bermek üçin ölmeli boldy.
Hemmämiziň gatnaşýan ruhy urşumyzda gowşak ýa-da sust hereket etmek asla mümkin däldir. Häzirki zaman Ýygnagynyň bir ýetmezçiligi bar. Ol köplenç ýükli arabalar kerweninde ýaltalyk bilen süýnüp, Hudaýyň çagalarynyň hemme artykmaçlyklaryny (wadalaryny we ak patalaryny) almak isleýän, ýöne yzarlanmalar we ruhy söweşler barada eşitmek hem islemeýän mesihileriň gaçybatalgasyna öwrülýär.
Tupanlarda we sillerde berk durmak üçin mesihilere boýun bolujy, kiçi göwünli we jomart adam bolmaklyk gerekdir. Mesihiler şeýle hem, Hudaýyň erkini ýerine ýetirmekde güýçli, batyr we erjel bolmaklyga çagyrylandyrlar.
Biziň dünýämizde öz nukdaý-nazarlaryna wepaly bolan kommunistler, rewolýusionerler we musulmanlar barada hemmelerem bilýär. Olar öz düzgünlerine laýyklykda täze dolandyryşy ýa-da täze tertibi guramaklyga näderejede çynlakaý garaýandyklarynyň köp mysallaryny bilýäris.
Biz, özümize «Isa Mesihiň yzyna eýeriji» diýip at berýänler, heläk bolup barýan dünýäni Hudaýyň Patyşalygyna çagyrýan söýgi rewolýusiýasynyň bir bölegi bolup durýarys. Biz beýleki aňyýeti ýa-da ynamy yglan edýänlere garanda öz işimize az wepaly bolmaly däldiris.
Mukaddes Kitap Isa Mesihiň yzyna eýerijilerini hemişe esgerler bilen deňeşdirýär. «Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör. Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir» (2 Timoteos 2:3–4). «Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin pellehana tarap ylgaýaryn» (Filipililer 3:13–14).
Injil Hudaýyň ak patalaryna berlen çakylyk bolşy ýaly, Hudaýyň erkine wepaly bolmaklyga hem-de boýun bolmaklyga çagyryş hem bolup durýar.
Isa Lukanyň Hoş Habaryndaky şägirtlerine ýüzlenmesinde özüňi Mesihe bagyş etmäniň üç elementini belleýär:
Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün (Luka 9:23).
1. Wepalylyk ikitaraplaýyn bolmalydyr
Hudaýa bagyş edilen gatnaşyklary «kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa» diýen jümleden hem görmek bolar. Bizde Isanyň ýanyna gelip, Onuň yzyna eýerijiler bolma islegi bar. Biz Onuň bilen hakyky gatnaşyklary ýola goýmak isleýäris. Ýöne bu gatnaşyklaryň özeni nämede? Bizde Hudaýa teklip eder ýaly hiç hili hakyky gowy zat ýok. Ýöne Hudaýyň Özi bize Özüni bagyş etdi. Onuň Özi işjeňligi Öz eline alyp, Özüne bagyş etme bilen jogap bermeklige bize mümkinçilik berdi.
Biz Hudaýyň wepalylygyny Onuň ýaradan zatlarynda görýäris. Ol adamy Öz keşbinde ýaratdy. Adam günä edip pese düşenden soň, biziň işlerimize Hudaýyň Özüniň gatyşmagynda hem biz Onuň wepalylygyny we yhlaslylygyny görýäris. Hudaýyň gutulyş babatdaky maksady, Onuň satyn almasynyň bütin taryhy Isa Mesihiň gelmesinde iň ýokary derejesine ýetdi.
Hudaýyň bize bolan wepalylygyny «kämil söýgi» diýen iki söz bilen beýan etse bolar. Hut Hudaýyň söýgüsi hem bizi halas etmek üçin Özüniň ýeke-täk Ogluny gaýgyrman, haç üstünde ejir çekmeklige berdi.
Mundan başga-da, Isa ýerde bolanda, işjeňligi Özi eline alýar. Şägirtçiligiň we bagyş etmäniň hakyky tebigatyna doly düşünmezden Özüne gulluk etmäge taýýar bolan adamlar tapylanda, Isa Öz beren jogaplary bilen olary alada goýdy we aljyraňňylyga saldy: «Isa töweregindäki märekäni görüp, (şägirtlerine) beýleki kenara geçmekligi buýurdy. Şol wagt bir kanunçy gelip, Oňa:
«Mugallym! Sen nirä gitseň, men-de Seniň yzyňa düşjek» diýdi. Isa oňa: «Tilkileriň süreni, gök guşlarynyň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. Başga bir şägirdi Isa: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip kakamy jaýlaýyn» diýdi. Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar» diýdi (Matta 8:18–22).
Biziň Hudaý bilen gatnaşyklarymyzdaky taraplaryň barysy hut şunda jemlenendir. Şu gatnaşyklaryň çäklerinde biz Isanyň yzyna düşmek isleýäris, sebäbi Hudaýyň Özi ilki bolup Özüni bize bagyş etdi, soň hem bizi Öz yzyna düşmeklige çagyrdy. Hudaýyň söýgüsini, rehimini duýup gören biz Oňa wepalylyk bilen jogap bermek isleýäris.
2. Wepalylyk ikitaraplaýyn ynanjy göz öňünde tutýar
Belli bir faktlaryň esasynda iki tarapyň arasynda takyk gatnaşyklar ýola goýulýar. Indi bolsa, özümiziň kabul edilen ylalaşyk bilen baglanyşdyrylan adamlardygymyza iş ýüzündäki subutnamalar gerek. Munuň ýaly ýagdaýda bir tarapyň beýleki tarapa bildirýän ynamdarlyk jähti işe girişýär. Lukanyň Hoş Habaryndan getirilen aýatlarda biz bagyş etme jähtini beýan edýän iki jümläni görýäris. Olar: «özüňi inkär et» we «haçyňy al» diýen sözlerdir.
Biziň wepadarlygymyz käbir zatlary talap edýär. «Inkär et» diýen söz göni manysynda «özüňe “ýok” diý» ýa-da «özüňi ret et» diýmekligi aňladýar.
Üns beriň, bagyş edilmäniň Mukaddes Kitap özeni hyzmatkär esgeri «özüni ýatdan çykarmaklyga» däl-de, «özüni ret etmeklige» çagyrýar. Bu ýerde haýsydyr bir daşky zatdan däl-de, öz «egoizmiňi» kanagatlandyrmakdan doly we hemme taraplaýyn el çekmek barada gürrüň gidýär.
Bu ýerde adamyň diňe özi üçin ýaşaýan adaty ýagdaýyna doly gapma-garşylygy görmek bolýar. Adamyň günäli tebigaty hemme ýerde-de birmeňzeşdir. Bu onuň haýsy — kapitalistikmi ýa-da kommunistik — gurluşda ýaşaýandygyna bagly däldir. Adam, hatda, başgalaryň hasabyna-da öz isleglerini kanagatlandyryp bilýär. Isa Öz şägirtlerini olaryň özlerini ret edip bilme ukyby boýunça tanap biljekdigini aýdýar.
Isanyň buýrugynyň ikinji bölegi bize has-da ulurak talaby bildirýär. Biz durmuşymyzy Isa bagyş etmämizde özümizi janymyzy pida etme derejesine çenli ret etmäge taýýar bolmalydyrys. Bu ýaşaýşyň barybir ölüm bilen gutarjakdygyna, bizi diňe özümize bagyşlama we baky ýaşaýşy wada beren Kişiniň halas edip biljekdigine akyl ýetirenimizde, janymyzy meýletinlik bilen berip bilýäris.
Imanly adam Isa Mesihde hakyky ýaşaýşa ýetdi. Şonuň üçin hem, özüni ret etmeklik we haçyň ýoly mesihi üçin ýeke-täk logiki ädim bolup durýar.
Ýaňy ýakynda Isa Mesihi kabul eden bir ýaş ýigit öýüne dolanyp gelýär. Ol ýerde mesihiligi kabul edeniň üçin ölüm jezasy berilýärdi. Ol ýigitden öýüne gitmäge gorkýandygyny ýa-da gorkmaýandygyny soranlarynda ol: «Men Mesihde eýýäm öldüm!» diýip jogap berýär.
Ekwadorda gynalyp öldürilen wagyzçy Jim Eliott şeýle diýipdir: «Ýitirmek mümkin bolmadyk zady gazanmak üçin saklamak mümkin bolmajak zady beren adamy “samsyk” diýip atlandyryp bolmaz».
Resul Pawlus aşakdaky sözleri aýtmagy başarypdyr:
Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin (Galatýalylar 2:20).
3. Wepalylyk Beýik tabşyrygy ýerine ýetirmekligi göz öňünde tutýar
Hudaý bilen Onuň şägirtleriniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar mesihini öz borçlaryny ýerine ýetirmeklige alyp barýar. «Meniň yzyma düş!» diýen ýumuş Hudaýyň hakyky şägirtlerine mahsusdyr.
Bu ýerde mesihi ýumşa däl-de, Şahsyýete wepadarlyk görkezýär. Isanyň yzyna eýeriji bolmaklyk, Onuň şägirdi bolmaklykdyr. Halypasynyň taglymatyna eýerýän, Onuň göreldesine eýerýän adam şagirtdir.
Mugallymymyz bizi haýsy ýumşy ýerine ýetirmeklige çagyrdy? Bu ýumuş biziň «Beýik tabşyryk» diýip atlandyrýanymyzda jemlenendir:
Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn» (Matta 28:18–20).
Isa Mesihiň hyzmatkär esgeri bolmak üçin mesihiniň etmeli işi Isa Mesihiň habaryny ýaýratmakdan, beýlekilere Onuň şägirtleri bolmaklyga kömek etmekden ybaratdyr.
Biz döwletleri agdarmaklyga we duşmançylykly aňyýetlerini dikeltmäge däl-de, Isanyň şägirtlerini terbiýelemäge çagyrylandyrys.
Hudaýyň ygtyýaryna boýun bolýan döwrümizde biziň hereket edýän häkimiýet bilen jedele gitmegimiz hem mümkindir. Biz tertipli raýatlar bolmaklyga çagyrylandyrys. Adatça mesihileriň kanuna boýun bolýan we zähmetsöýer adamlar bolýandyklaryny taryh subut etdi. Emma jedelli ýagdaýlar ýüze çykanda, imanly adam dünýewi ygtyýarlygyň raýatlyk wepadarlygyndan Mesihe bolan wepadarlygyny ileri tutup, ony birinji ýere goýýar (Resullaryň işleri 4:19–20 seret).
Duşmançylykly ýagdaýda we yzarlanma şertlerinde Mesihdäki sylagly durmuşyň dört syry bardyr.
1. Birinji syr — hemişe haç
Bu Hudaýyň ýoludyr. Biziň resul Ýahýanyň Ylhamyndan görşümiz ýaly, Guzy arşda oturdyldy (5:6; 17:14; 19:7–10). Biziň durmuşymyzdaky haçyň alamaty hem özümize çyn ýeňşi getirýär.
Resul Pawlus özüniň Korintoslylara ýazan ikinji hatynda (1:9) ölüm jezasynyň özi üçin ölümi ýeňme serişdesi bolandygy barada gürrüň berýär. Diňe Hudaýa ähli emlägimizi, geljegimizi, ýakynlarymyzy, hatda özümizi hem berenimizde, azatlyga çykyp, hakyky ýeňijiler bolup bileris.
2. Ikinji syr — ölümden direlmäniň kontekstindäki ýaşaýyşdyr
Resul Pawlus özüniň Korintoslylara ýazan birinji hatynda (15:19), eger ölümden direliş bolmadyk bolsa, onda mesihileriň dünýädäki iň betbagt adamlar bolýandygyny aýdýar. Näme üçin? Sebäbi biz diňe ölümden direlen Rebbe bolan imanymyz bilen aklanýarys. Ýerdäki durmuşyň oňat geljegini biz inkär etdik we Mesihiň hatyrasyna bu dünýäniň azdyryjy zatlaryna garşy durýarys. Biziň azatlygymyzyň dolulygy öz-özümizi inkär etmeklikde, haçymyzy almaklykda we Mesihiň yzyna eýermeklikde jemlenendir. Şonuň üçin biz öz durmuşymyzy haçyň obrazy bilen ýaşamalydyrys.
Repressiw režimli ýurtlarda häkimiýet mesihilere haýbat atýar we güýçli urgy etmek üçin ejiz ýerlerini tapmaklyga synanyşýarlar. Mesihiniň kalbynda Mesih bilen bile haça çüýlenilmän galan zatlaryň hemmesi-de mesihiniň ejiz ýeri bolup blýändir.
3. Üçünji syr — yzarlanmalary kabul etmeklik we olara dogry garamakdyr
Rebbe bil baglaýanlar güýçde täzelenerler: bürgüt kimin ganatlaryny galdyrarlar, aksalar-da ýadamazlar, ýöreseler-de surnukmazlar (Işaýa 40:31).
Bürgüt tupan başlanmazyndan birnäçe wagt öň onuň başlanjagyny bilýär. Ol çür depä uçup çykýar-da, ýeliň öwsüp başlaryna garaşyp oturýar. Tupan başlanan wagty, ol şeýle bir amatly ýagdaýy eýeläp durýar welin, ýel ony gurşap alanda, ol tupanyň üstünde duruberýär. Aşakda tupan turýan wagty bürgüt onuň üstünden agalyk edip durýar. Ol tupandan gaçyp gitmäge synanyşjak bolmaýar. Ol güýçli şemaly ýokary galmak üçin ulanýar? Bürgüt tupan turzan şemalyň güýji bilen ýokary galýar.
Öz üstümize tupan şemaly inen wagty, öz aklymyzy we imanymyzy Hudaýa bolan diýen edijilige gönükdirip, tupanyň üstüne çykyp bileris. Tupanlar bizi döwmeli däldir. Hudaýyň güýjüne özümizi garbap alyp, tupandan ýokary galdyrmaga rugsat bermegimiz gerekdir. Hudaý bize durmuşymyza keselçilik, betbagtçylyk, ýeňliş we ruhdan düşmekligi getirýän tupan ýelleriniň üstünde pelpellemäge mümkinçilik berer. Biz gomlaryň üstünde ganat ýaýyp uçup bileris. Ýatda saklaň, biziň üstümizden ýükleriň aladalary we azaplaryň agramy basmaýar-da, biziň şol ýüke we azaba garaýşymyz basýar.
Biziň çydamlylygymyzyň syry kynçylyklaryň ýoklugynda we gülläp-ösmeklikde däl-de, yzarlanmalary paýhasly kabul etmegimizdedir. «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr» (1 Petrus 4:14).
Resul Pawlus Korintoslylara ýazan birinji we ikinji hatlarynda özüniň Mesihdäki durmuşy barada gürrüň berýär. Bu parahatçylygyň we sazlaşygyň, ajaýyp şertleriň we meşhurlygyň taryhy däl-de, mahrum edilmelerden doly bolan agyr durmuşyň, inkär edilmeler, hatda çykgynsyz ýagdaýa düşmeleriň hem taryhydyr. Şonda-da, toýundan ýasalan gap bolan Pawlus Isa Mesihiň hoş habaryny ýetirip, söweşlerden ýeňiji bolup çykýar.
Bu ýagdaýlara gabat gelýän häsiýeti näçe tiz döredip bilsek, şonça-da, tiz ýeňiji bolup bileris. Edil şunuň ýaly, biri-birimize bedendäki ýaly däl-de, Mesihdäki täze ýaradylyş, Isanyň gökdäki şöhratynyň peýda bolmagyna niýetlenen ejizjek toýun gaplar ýaly garamaklygy näçe tiz öwrensek, ýeňşiň nämedigine şonça-da tiz akyl ýetireris.
Şonuň üçin, biz gülläp-ösüş Hoş Habaryny wagyz etmeýäris. Biz haçda ýeňýän Hudaýy, Onuň: «Gul agsyndan uly däldir…Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar…Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin» (Ýahýa 15:20; 16:33) diýen hemme zatda ýeňiş gazanýan Ogluny wagyz edýäris.
4. Dördünji syr — hyzmatkär esgeriň statusy
Mattanyň Hoş Habaryndaky Dagdaky wagyzda (5–7) aýdylyşy ýaly, haç mesihiniň häsiýetini alamatlandyrýar. Mesihiniň häsiýetiniň ähli aýratynlyklary ahlak normalary we ylaýta-da, söweşde bu dünýäniň adaty häsiýetleri bilen güýçli gapma-garşy häsiýet bolup durýar. Adaty esgeriň kalbynda rehimdarlyga, parahatlyk döredijilige we bagyşlama orun ýokdur, ýöne mesihi esgeriň şu häsiýetleriniň kömegi bilen ruhy uruşda ýeňmäge mümkinçiligi bolýar. Biziň hyzmatkär esger hökmünde ýeňiş gazanmagymyzyň sebäbi, biz söýgi, şatlyk, parahatçylyk we özümizi pida etmek ýaly ruhy ýaraglary ulanýarys.
Şu gollanmamyzyň iň başynda biz bu kitabyň bir pikiriň esasynda ýazylandygyny aýdypdyk. Şol pikire laýyklykda, bütin dünýädäki mesihiler gitdigiçe köp duşmançylyga duş gelerler. Bu barada Mattanyň Hoş Habarynyň 24-nji babynda, Markusyň Hoş Habarynyň 13-nji babynda gürrüň berilýär diýip hasaplaýarys.
Biz şeýle hem, akyl-paýhas, ruhy we praktiki nukdaý-nazarlardan şu synaglara taýýar bolmak isleýändigimizi hem aýdypdyk. Bize akyl-paýhasly taýýarlyk gerekdir, sebäbi Mukaddes Kitabyň näme öwredýändigine, ylaýta-da, yzarlanmalar we görgüler barada name öwredýändigine Ýygnak düşünmelidir. Biz ruhy taýdan taýýar bolmalydyrys, sebäbi Ýygnak dileg etmelidir, oraza tutmalydyr we ruhy sferadaky söweşiň wajyplygyny belleýän dürli görnüşli işlere gatnaşmalydyr. Praktiki taýýarlygyň bize gerek bolmagynyň sebäbi, mesihileriň kiçi toparlary we ýygnanyşyklary özlerini iman meselesinde eglişige gidýän ýaly duýmazlyklary üçin, Ýygnak olary duşuşyklar bilen üpjün etmelidir. Mesihi adamyň öýüne mesihilik işiniň, şaýatlygynyň, sežde etmesiniň merkezi hökmünde garamak gerekdir.
Duşmançylygyň ýüze çykmasyna nähili garamalydygyny biziň bilmegimiz gerekdir. Biz Mesihiň ýoly bilen ýöreýäris:
Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi (Filipililer 2:8–11).
Biz hem şu ýoldan ýöremeklige çagyrylandyrys. Isa Mesihiň hem şol ýoldan diňe adamlara gulluk etmekde däl-de, eýsem, ölümden direlmäniň baky durmuşynda-da ilkinji bolup geçendigini bilmelidiris. Bizden başga hiç bir halk hem şunuň ýaly durmuşda ýaşap bilmeýär. Ýygnagyň yzarlanylan agzalary şunuň ýaly durmuşda ýaşamaklygy öwrendi. Olar özümizi söýen Kişiniň kömegi bilen hemme ýerde ýeňmek üçin şol ýygnak agzalarynyň yzyndan ýetmeklige, olar bilen aýak goşmaklyga we ýeňijilerden hem ulurak bolmaklyga çagyrýar.
Müňlerçe mesihiler gazaply yzarlanylmalara seretmezden Rebbiň öňünde berk durdular, ýöne beýleki müňlerçesi imanyny gorap bilmediler. Hatda, beýik rim yzarlamalary bolan günlerde-de, Mesihi wagyz edýän az sanly adam Rebbe soňuna çenli wepaly bolup galyp bildi. Ýygnagyň taryhyndaky asyrlaryň hemmesini jemläniňde, bir XX asyrda köp adam ejir çekdi. Näme üçin käbir mesihiler hemme zada döz gelip bilýärler? Olar hyzmatkär esger bolmagy öwrendiler- de, berk durmagy we tupanlaryň hem-de gomlaryň bolan wagty berkligine-de galmaklygy başardylar.
• Hyzmatkär esgerler edil çüý kimindir. Olaryň üstünden urdugyňça-da, öz imanlarynda berkärler.
• Hyzmatkär esgerler rezin pökgüjik kimindir. Olary ýere näçe batly urdugyňça, olar şonça-da ýokary bökýärler.
• Hyzmatkär esgerler güller kimindir. Olary mynjyratdygyňça, atyr yslaryny güýçli seçer.
• Hyzmätkär esgerler witraž aýnasy kimindir. Olaryň hakyky gözelligi açyk ýagtylykda görünýändir.
• Hyzmatkär esgerler gutudaky çaý kimindir. Çaýyň ajylygyna diňe ony gaýnan suw guýanyňdan soň göz ýetirýärsiň!
• Sizem hyzmatkär esger bolup bilersiňiz! Şonda siz islendik tupana we goma döz gelersiňiz!
«Kiçi ýaşly çagalaryň topary amerikan futbolyny oýnaýar. Çagalar bäş-alty ýaşlydy. Şonda-da olar hakykatdan, çynlakaý oýun oýnaýardy. Olar iki komanda bölünipdiler. Komandalaryň her biriniň öz tälimçisi, formasy, öz janköýerleri bardy.
Birinji komandanyň güýji ikinji komandanyň güýji bilen deň diýen ýalydy. Oýnuň birinji tapgyrynda komandalaryň hiç haýsysy-da ýekeje utuk hem urmady. Çagalar şatlanýardylar. Olar örän tagaşyksyz oýnaýardylar. Olar ýykylýardylar, topa büdreýärdiler, topy depenlerinde aýaklary topuň gapdalyndan geçip gidýärdi. Emma bu zatlaryň olary tolgundyrmaýandygy görnüp durdy. Olar oýnuň gidişinden ullakan lezzet alýardylar.
Ikinji tapgyrda birinji komandanyň tälimçisi toparyň hemme oýunçysyny diýen ýaly çalyşdy-da, meýdança iň güýçli oýunçylary çykardy.
Indi oýun kyn häsiýete geçdi. Ikinji komanda birinji komandanyň derwezesini gorap duran kiçijik oglanjygyň daşyna üýşüşdiler. Ol meşhur sportsmendi, ýöne özünden jinnek ýalyjak hem ejiz bolmadyk üç-dört oglanjykdan üstün çykmak oňa kyn düşýärdi. Ikinji komanda utuk urup başlady. Ýalňyz derwezeban elinden gelenini edýärdi. Ol derwezä tarap okdurylyp gelýän toplara güýjünde baryny edip topulýardy, olaryň derwezä girmeginiň öňüni almaga synanyşýardy.
Ikinji komanda yzly-yzyna iki topy geçirdi. Ilki başda oglanjyk gaty gaharlandy. Ol gazaply ses bilen gygyrdy, ylgady hem topuň yzyndan öz derwezesiniň içine batyrgaýlyk bilen çümdi. Aýgytly pursatda ol topy depip gelýän oglanjygyň öňüni baglamaga ylgady, emma ol topy derwezebandan ýigrimi fut uzaklykda duran beýleki oglana geçirdi. Soň derwezeban täze orny eýeläp ýetişýänçä, top eýýäm derwezäniň içine girdi. Derwezeban giç galdy.
Derwezebanyň ene-atasy mährem hem gelşikli adamlardy. Onuň kakasynyň oýna göni edaradan gelen bolmagy ahmaldy, sebäbi egninde iş penjegi, boýnunda-da galstugy bardy. Ene-ata ogluny ruhlandyrjak bolup gygyrýardy.
Oglanjyk üçünji utukdan soň üýtgedi. Ol garşylyk görkezmäniň peýdasyzdygyna düşündi. Ýok, ol ýan bermedi-de, ruhdan düşdi. Onuň ýüzünde güýçsüzlik görnüp durdy. Onuň kakasy-da üýtgedi. Ozal ol ogluny ruhlandyryp, oňa maslahat berip durdy. Emma indi ol aladaly görünýärdi. Ol ogluna hemme zadyň düzüwdigini, ýöne öz işiňi dowam etdirmegiň gerekdigini aýtmaga synanyşýardy. Kakasynyň ogluna nebsi agyrýardy.
Dördünji utukdan soň oglanjyga kömek gerekdi, ýöne kömek hiç ýerden-de gelmeýärdi. Ol topy toruň içinden çykaryp, arbitre berdi-de aglady. Ol derwezäniň öňünde ýöne bir durdy. Gözýaşlar hem iki ýaňagyndan çeşme kimin akýardy. Soň ol dyza çöküp, ýumrujyklary bilen gözlerini süpürip başlady. Ol halys bolan ýüregiň mejalsyz gözýaşlaryny döküp aglady.
Oglanjyk dyza çöken wagty, kakasy oglunyň ýanyna barmak üçin ýerinden atylyp turýar. Aýaly hem onuň ýeňinden asylyp: «Jim, beýtme. Ol oňaýsyz ýagdaýa düşer» diýdi. Emma ol şonda-da, okdurylyp, oýun meýdançasyna çykýar. Oýun doly gidiş bilen dowam edip durdy. Oglanjygyň kakasy bolsa derwezä tarapa ylgaýardy. Ol oglunyň ýanyna penjekli, galstukly ylgap baryp, ogluny garbap eline alýar-da, onuň öz ogludygyny hemmeler görer ýaly, ony ýokary göterýär. Kakasy ogluny gujaklap, gujagyna berk gysýar-da, onuň bilen bile aglaýar.
Soň kakasy ogluny elinde göterip, ony meýdançadan alyp çykýar. Ol oýun meýdançasynyň gyrasyna gelende:
— Skotti, men saňa guwanýaryn. Sen diýseň gowy oýnadyň. Men seniň öz oglumdygyňy hemmeleriň görmegini isleýärin, — diýdi.
— Kaka, men hiç zat edip bilmedim. Kakajan, men elimde baryny etdim, ýöne olar hemişe utuk urdular, — diýip sojap durşuna gürledi.
— Skotti, olaryň näçe utuk uranlygynyň tapawudy ýok. Sen meniň oglum, şonuň üçin hem men saňa guwanýaryn. Indi bolsa, men seniň meýdança çykyp, oýny tamamlamagyňy isleýärin. Seniň hemme zady taşlap gitmek isleýändigiňi men bilýärin, ýöne beýle etmeli däldir. Ýene-de näme diýsene oglum, seniň toruňa ýene bir gezek top saldylar, ýöne bu wajyp zat däldir. Hany, bar oglum.
Indi hemme zat başgaça boldy. Sen ýalňyz bolan wagtyň, derwezäňe-de yzyny üzmän top uçup gelip girip duran wagty, urulýan utuklaryň özüňizi söýýäniň perwaýyna-da däldigini bilmeklik örän möhümdir. Oglanjyk özi barýança ýene-de iki utuk urlan derwezäniň ýanyna ýeňillik bilen ylgap bardy. Ýöne bu gezek hemme zat ýerbe-ýer bolupdy.
Maňa her gün utuk urýarlar. Men elimde baryny edýärin. Men çykgynsyz ýagdaýda bir burçdan ikinji burça topulýaryn. Men gazaplanyp ruhdan düşýärin. Men synaglar bilen göreşýärin. Bedenimiň her bir öýjügi bilen günä edýärin, şeýtan hem heşelle kakyp gülýär. Ol özüniň nobatdaky utugyny uran wagty gözlerimden ýaş akyp başlaýar. Menem günäli, ýazykly we ejiz halda dyza çökýärin.
Ýöne men ýeke däldirin. Giden meýdanyň ortasyndan geçip, meniň ýanyma Atam ylgap gelýär-de, göni ha-ha-haýlap ýa-da üstümden gülýän dünýäniň öňünde meni göterip, berk gujaklaýar-da:
— Oglum, Men saňa guwanýaryn. Sen diýseň gowy oýnadyň! Men seniň Öz oglumdygyňy hemmeleriň bilmegini isleýärin. Bu oýnuň jemini öňden jemländigim üçin Men saňa yglan edýärin —Sen ýeňijisiň! — diýýär».
Hekaýanyň ýazary belli däl.
MEN MESIHDE KIM
Men kabul edilen…
Men — Hudaýyň perzendi (Ýahýa 1:12);
Men — Mesihiň dosty (Ýahýa 15:15);
Men aklanan (Rimliler 5:1);
Men Reb bilen birikdim, şonuň üçin Onuň bilen bir ruhduryn (1 Korintoslylar 6:17);
Men gymmat baha satyn alyndym, şonuň üçin Hudaýa degişlidirin (1 Korintoslylar 6:19–20);
Men Mesihiň Bedeniniň agzasydyryn (1 Korintoslylar 12:27);
Men Hudaý tarapyndan saýlanylan we Onuň ogly hökmünde ogullyga alnan (Efesliler 1:3–8);
Men halas edilen we ähli günälerim bagyşlanan (Koloseliler 1:13–14);
Meniň Mesihde dolulygym bardyr (Koloseliler 2:9–10);
Men Isa Mesih arkaly merhemet tagtyna göni baryp bilýändirin (Ýewreýler 4:14–16).
Men goralýaryn…
Men her hili ýazgarylmadan azatdyryn (Rimliler 8:1–2);
Hudaýyň hemme zady meniň bähbidime etjegine men ynanýaryn (Rimliler 8:28);
Men öz garşyma ýöňkeljek aýyplamalaryň hemmesinden azatdyryn, meni Hudaýyň söýgüsinden aýyrmak mümkin däldir (Rimliler 8:31–39);
Hudaý meni berkitdi, mesh etdi we Mukaddes Ruhy bilen möhürledi (2 Korintoslylar 1:21–22);
Men Mesih bilen Hudaýda gizlenendirin (Koloseliler 3:1–4);
Hudaýyň öz içimde başlan gowy işlerini soňuna çenli gutarjakdygyna men ynanýaryn (Filipililer 1:6);
Meniň öýüm göklerde (Filipililer 3:20);
Hudaý maňa gorky ruhuny däl-de, güýç, söýgi we akyldarlyk berdi (2 Timoteos 1:7);
Men Hudaýdan doglandyryn, şonuň üçin iblis maňa ýanaşyp bilmez (1 Ýahýa 5:18).
Men gymmatly…
Men hakyky üzüm Agajy bolan Isa Mesihiň şahasydyryn (Ýahýa 15:5);
Men saýlanylan we miwe getirmeklige niýetlenilendirin (Ýahýa 15:16);
Men Hudaýyň ybadathanasydyryn (1 Korintoslylar 3:16);
Mende adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrýan gulluk bardyr (2 Korintoslylar 5:17–21);
Men Isa Mesih bilen göklerde oturdyldym (Efesliler 2:6);
Men Onuň ýaradanydyryn (Efesliler 2:10);
Men arkaýyn we ynam bilen Onuň ýanyna ýakynlaşyp bilýärin (Efesliler 3:12);
Men özümi berkidýän Isa Mesihde hemme zady edip bilýärin (Filipililer 4:13).
VII-NJY BÖLÜM
Goşmaçalar
1-nji goşmaça
«TUPANA DÖZ GELMEK» OKUW GOLLANMASY BOÝUNÇA BIR-DÖRT GÜNLÜK SEMINARLARY GEÇIRMEKLIGE MASLAHATLAR
Şu okuw gollanmasynyň materiallary dört günüň içinde seminarlary geçirmeklik üçin niýetlenendir (ýigrimi yzygiderli sapaklar). Seminarlar has gysga möhlet bilen geçirilende, şu aşakdaky meýilnamalardan peýdalansa bolar:
Giriş
Baplar 1–4, 20
Giriş
Baplar 1–4, 8, 13–15, 17, 20
Giriş
Baplar 1–4, 8–17, 20
Giriş
Baplar 1–20
Bellik: Bütin materialy üç günlük seminar döwründe gysgaça beýan edip bolar.
2-nji goşmaça
«HUDAÝ WE ONUŇ EJIR ÇEKÝÄN ÝYGNAGY» WAGZY
Resmi ýygnagyň ýolbaşçylarynyň halkara jemgyýetine berýän oňat maglumatlaryna garamazdan, Hytaýda şu güne çenli-de mesihileri yzarlamak dowam edýär. Şonuň üçin hem men şu gün siziň ünsüňizi Esteriň döwürlerinde ýaşan imanlylaryň başlaryna düşen yzarlanmalardan alnyp bilinjek käbir sapaklara çekýärin.
Ester biziň eramyzdan öň 483-nji ýyldan başlap Pars döwletiniň şa aýaly bolupdyr. Ol görmegeý aýaldy, emma onuň bir syry bardy we bu syry onuň öweý kakasyndan başga hiç kim bilmeýärdi. Ester bolsa özüniň milletini, ýagny özüniň ýewreý bolandygyny gizleýär.
Yzarlanmalaryň döwri gelip ýetdi. Ester kitabyndan (3:8) biz pars patyşasynyň maslahatçysynyň öz hökümdaryna şeýle diýendigini bilýäris: «Siziň patyşalygyňyzdaky bütin welaýatlardaky halklaryň arasyna ýaýrap, olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da şol halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada rugsat etmek patyşa üçin bähbitli däl». Patyşa maslahatçysy bilen ylalaşyp, ähli ýewreýleri gyrmagy buýurdy.
Ester bilen bilelikde ýewreýleriň bary lapykeçlige düşdüler. Olaryň nädip bu ýagdaýa düşendikleri, onsoň nädip ondan baş alyp çykandyklary we soňy bilen näme bolandygy baradaky gürrüň bize özümiziň hem degişli bolýan ejir çekýän Ýygnagy bize ýatladýandyr.
Yzarlanmalar nireden gelýär? Olaryň çeşmesi nämede? Ester kitaby bu soraglaryň baryna anyk jogap berýär. Yzarlanmalar — bu bizi yzarlaýanlaryň tekepbirlikleriniň netijesidir.
Patyşanyň maslahatçysy bolan Haman gürrüňi edilýän yzarlanmalaryň sebäpkäri we ony oýlap tapyjysydy. Ol özüni kemsidilen duýýardy, çünki Mordokaý atly bir ýewreý oňa tagzym etmekden boýun towlapdy. Näme üçin Mordokaýyň şeýle aç-açanlyk bilen Hamana bolan öz ýigrenjini görkezendigini biz bilmeýäris, ýöne başga zat wajyp — Haman däliredi. Morkokaýyň özünden dynmaga synanyşmagyň deregine masgaralanan Haman özüniň kemsidilendigi üçin bütin halky gyrmak bilen öç almaga synanyşdy. Gürrüňiň barynyň haýsy isleglerde jemlenendigine seretmezden, ol bütin ýewreý halkyndan azat bolmagyň meýilnamasyny oýlap tapdy, çünki hamala olar patyşanyň kanunlaryny bozupmyşlar.
Haman baryny oňatja pikirlendi. Ýewreýler bizden tapawutlanýarlar diýip, ol aýdýar. Bu hakykat. Olar bizden gaty tapawutlanýarlar we olaryň arasynda edepli raýatlar ýok diýip, ol gürrüňini dowam etdirýär. Bu bolsa eýýäm ýalan, emma patyşa özünden başga birine wepalylygy saklaýan adamlaryň islendigine uly şübhe bilen gatnaşyk edýärdi. Hytaýda hem edil şeýle ýagdaý bolup geçýär. Biziň häkimiýetimiz bizi yzarlaýar, çünki biz ilatyň esasy böleginden tapawutlanýandyrys. Biz akýürek imanlylardyrys we biz diňe bir öz döwletimize wepalylygy saklaýan däldiris. Bu bizi özümizi gurşap alan adamlaryň gözleriniň alnynda şübhe döredýän adamlar edýändir.
Men patyşa häkimiýetinň Leniniň doganyny atyp öldürendigi sebäpli Russiýadaky ýygnaklaryň elhenç yzarlanmalary başlaryndan geçirendikleri hakynda okadym. Aýratynam Lenini gazaplandyran ýagdaý — bu rus prawoslaw ruhanysynyň Leniniň doganyny jezalandyrmaga pata berendigi bolupdyr. Şonuň üçinem Lenin özüniň ar almak duýgusyny ýygnaga döküpdir.
Biz öz ýurdumyzda dünýä kommunizmini esaslandyranlaryň masgaralanan tekepbirliginiň gurbanlary roluny oýnamagymyzy dowam etdirýändiris. Adamlaryň dine bolan talaplarynyň öz-özlerini iýmekleri üçin kommunistler ýerde jennet gurmak isläpdiler. Dogrudanam, eger sen bireýýäm jennetde bolýan bolsaň, onda gökler hakynda arzuw etmegiň näme gerekligi bar? Kommunistleriň hiç biri-de ýerde jennet gurup bilmedi we şonuň üçinem olar göklerdäki jennete uýýanlar bolan bize güýçli ýigrenç duýýarlar. Bu tekepbirlik. Ejirleriň çeşmesi hemişe-de adamzadyň tekepbirligindedir.
Nädip yzarlanmalar kynçylygyny çözmeli? Yzarlanmalar döwürlerinde nädip aman galmaly? Ýygnagyň atalarynyň biri bu soraga şeýle jogap beripdir: «Dileg ediň, çünki bary Hudaýyň elindedir. Her bir ädimiňizi edil Hudaýyň Özüniň ugrukdyrýandygy ýaly hereket ediň». Şeýlelikde, yzarlanmalary ýumşatmak we olary kemeltmek üçin biz olara garşylyk görkezýändiris. Emma, şeýle-de, öz ejirlerimiziň soňuna nokat goýmagy üçin biz Hudaýy hem agtarýandyrys. Şu synanyşyklaryň netijesinde-de azat bolma gelýändir.
Ester bilen bagly bolan taryhda wakalaryň şunuň ýaly gidişini görmek bolar. Ester patyşanyň huzuryna çakylyksyz barmaga töwekgelçilik edip, edermenlik görkezdi. Ol: «Eger men ölmeli bolsa, onda ölerin» diýdi. Neneň edermen aýal! Ol meýilnama düzüp, ol arkaly Hamany duzaga salmagy bilen özüniň oýlap tapyjylygyny aýan etdi. Ol meýlis gurdy, ýygnananlara öz syryny açdy we onsoň özüni Hamanyň öldürjekdigini aýan edip, duşmanyny paş etdi.
Esteriň meýilnamasy puja çykyp bilerdimi? Kim bilýär! Belki-de, hawa. Haman patyşanyň hormatly maslahatçysydy we köşkde uly abraýdan peýdalanýardy. Ester patyşanyň aýalydy, emma bu Kitabyň aýdyň görkezişi ýaly, patyşa aýalyna hemişe-de ýeňillik bilen üns berip bolardy.
Esteriň meýilnamasynyň amala aşmagy Hudaý niýetidi.
Geliň, indi bu taryha beýleki tarapdan seredeliň. Hudaýyň öz işlerimize goşulmaklygy üçin biz dileg üstüne dileg edýäris. Biziň ýagdaýlarymyzda özümize bagly bolmadyk zatlar şeýle bir kän bolýar. Biziň meýilnamalarymyz, oýlap tapyjylygymyz, edermenligimiz — bularyň bary hiç haçan hem ýeterli bolýan däldir. Bize Hudaýyň kömegi gerek. Şonuň üçin hem ýewreýler üçin agyz bekläp, aglap, dady-perýat bilen uly ýas tutmagyň wagty gelip ýetdi, şondan soň Hudaý iň täsin ýagdaýda olaryň ykballaryna aralaşdy.
Bir garry ruhy çopan maňa köplenç: «Haçanda men dileg etmegimi bes edenimde, bagtly tötänlikleriň dessine bes edilýändigini aýan etdim» diýýärdi. Esteriň taryhynyň bagtly ahyry tötänliklere baýdyr. Mysal üçin, haçanda Haman Mordokaýyň öldüriljekdigi hakynda oýlanan wagtynda, patyşa ol ýewreýi arşa galdyrýar. Emma gahrymanlaryň her biri biri-birlerine garaşly bolmazlykda taryhyň bagtly soňuna ýetýär. Mysal edip patyşany alalyň.
Hut Hamanyň öz meýilnamasyny amala aşyrjak gününiň öň ýanynda tötänlikden patyşany ukusyzlyk gününe goýmaýar. Ol asla tötänlik bilen öz ýazgylaryny okap başlaýar we asla tötänlik bilen Mordokaýyň oňat hyzmaty hakyndaky ýazga duş gelýär. Patyşa ertesi gün, ýagny hut Hamanyň öz ýanyna gelen wagty Mordokaýy sylaglandyrmagy ýüregine düwýär. Hut şol pursatda Haman Mordokaýyň kellesini patyşadan dilemäge synanyşjakdy. Patyşa Haman bilen Esteriň arasyndaky sahna nädogry düşünip, öz maslahatçysyny ölüme bermegi çözýär, çünki ol Haman patyşa aýalynyň başyny aýlamak isleýändir öýdüpdi, iş ýüzünde bolsa biçäre Esterden rehim edilmegini soraýardy.
Bu tötänlikleriň we gabat gelmeleriň bary — Hudaýyň işleridi. Bu Hudaýyň Estere eden kömegidir.
Şeýlelikde, ýewreýleri gyrmaklyk meýilnamasy puja çykdy.
Bizde, Hytaýda köplenç şeýle pikiri eşidip bolýandygyny men size aýtmalydyryn: «Yzarlanmalary Hudaý iberýär we biz hiç haçan hem olara garşy durmaly ýa-da olardan gaçmaly däldiris, biz olary Ýygnagyň ösmegi üçin Hudaýyň ýol görkezmesi hökmünde ýöne kabul edäýmelidiris». Bu ýalan taglymat, çünki şeýle etmek bilen biz Hudaýy günäde aýyplaýandyrys. Yzarlamalar ýamanlykdyr. Hudaý bolsa hiç haçan-da ýamanlygyň çeşmesi bolup bilýän däldir. Hudaý ýamanlygy ulanyp biler, emma Onuň Özi ýamanlygyň çeşmesi bolup bilmeýändir.
Eger Ýygnak yzarlanmasa, onda ol ösüp bilmeýändir diýip, käbir mugallymlar hasaplaýan ýalydyr, emma bu hakykat däl. Luka Resullaryň Işleri kitabynda (9:31) şeýle diýýär: «...ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelýärdi». Bu ýerde yzarlanmalara hatda yşarat-da ýok, ýöne muňa garamazdan, Ýygnak ösýärdi we köpelýärdi.
Ester kitabynyň sekizinji bap bilen gutarmagyny men islärdim, ýöne ol bu bap bilen gutarman, ýene-de dowam edýär. Kitap ýewreýleriň ähli ýerlerde öz duşmanlaryndan öç alýandyklary bilen gutarýar. Olar ählumumy terror üçin azatlyga meňzeş bir zady yglan etdiler. Olara bir günüň içinde haçanda bolsa bir wagt özlerini ezenleri öldürmeklige rugsat berdiler. Belki-de, şol gün müňlerçe adamlar gyrlandyr. Ýewreýler gazaply adalatlygy amala aşyrdylar, emma gazaplanmaklyk nämäni çözüp biler? Ol öldürilenleriň garyndaşlarynda diňe ýigrenji oýarýar we olar hem öz gezeginde öz çagalaryny öç almaklyga öwrederler, şeýlelikde, gan döküşikligiň ýapyk tegelegi dowam eder.
Men ähli taryhy wakalaryň baryny häzirki zaman ejir çekýän Ýygnaga degişli ederdim. Yzarlanmalar döwründe lapykeçlik duýgusy döräp bilýändir we eger hüşgärligi ýitirsek, onda bu lapykeçlik gazaplanma geçip bilýändir. Bir gezek özümiň Hytaýda bir döwlet işgäri bilen gürrüňdeş bolandygymy ýadyma salýaryn we ol maňa: «Bilýärsiňizmi, mesihilik bilen iş salyşmak bar zatdan ýeňilidir, çünki siz bir-biriňizi daşlaýarsyňyz» diýipdi. Bir ýygnak ýolbaşçysyny beýleki öý ýygnaklarynyň ýolbaşçylarynyň döwlet häkimiýetlerinden hem gazaply yzarlandyklary üçin men gaty utanýaryn. Bu gaty gaýgyly. Biz bu günä üçin toba etmelidiris. Yzarlanmalar öz ýany bilen biziň bir-birimize bolan söýgimizi we hakykata bolan wepalylygymyzy ýoýup bilýän kynçylyklary getirýändir.
Näme üçin Ester kitabyny Mukaddes Kitaba girizipdirler? Çünki ol nädip Hudaýyň Öz halkynda kömek edýändigi hakynda gürrüň berýär. Eger patyşanyň karary güýje giren bolsa, onda milleti gyrmaklyk başlardy we Hudaýyň erki amala aşmazdy. Emma Hudaý bu belanyň amala aşmagyna rugsat bermedi, Ol betbagtçylygyň öňüni almak maksady bilen Özüniň gudraty güýçli ellerini ýewreýlere uzatdy. Hudaýyň Öz perzentleriniň ykballaryna nädip aralaşýandygy baradaky gürrüň biziň imanymyzy bolşy ýaly, ýewreý halkynyň imanyny-da güýçli berkiden bolsa gerek. Hudaý adamlary halas etmek we Öz erkini amala aşyrmak üçin ara goşulýar. Biziň ählimiziň Özüni we Özüniň söýgüsini tanamaklyga gelmegimizi Hudaý isleýändir.
Şeýlelikde, haçanda biz gudraty güýçli Hudaýyň Öz halkyny halas edip, Öz erkini amala aşyrýandygyny görenimizde, yzarlanmalar biziň imanymyzy berkitmelidir. Ahyrynda özüm baradaky taryhy size gürrüň bermegime rugsat beriň.
Men özüni Hudaý üçin peýdasyz diýip hasaplaýan adamyň imana getiren ýeke-täk adamydym. Biz bile türmede oturdyk. Meniň mugallymym türmede mesihi bolupdyr we ol hoş habary wagyz edýän mesihi bolmaklygy küýseýän eken. Biziň ikimiziň hem ogurlyk üçin höküm edilendigimiz sebäpli, biz ikimiz bir kamerada oturdyk we onda ikimizden başga hiç kim-de ýokdy. Ol maňa — edil tötänlikde bilen bolşy ýaly — özüniň mesihi topary bilen bir kamerada bolandygy hakynda gürrüň berdi. Olar gijelerine aýdymlar aýdyp, Hudaýy şöhratlaýardylar. Ol şol mesihileri «ýumşak bedenli näzijekler» diýip hasaplap, olaryň yzlaryndan getirilýän azyklary ogurlaýan eken. Kamerada kimiň hojaýyndygyny görkezmek üçin ol olary hatda ýençýän eken. Bu diýseň gyzyklydy. On bäş ýylyň içinde ol ilkinji gezek özüni güýçli duýupdyr, emma hatda olary urup, olaryň iýmitlerini ogurlanynda-da, özüniň olaryň üstlerinden ygtyýarlygy eýe däldigine ol düşünipdir. Näme üçindir olar ondan gorkmaýan ekenler.
Bir gezek gazap donuny geýen wagty ol mesihileriň birini öldürmek üçin pyçak çykarypdyr. Emma duýdansyz ýagdaýda nähilidir bir güýç ony saklapdyr we ol şol adamyň ýüregine pyçagy sokup bilmändir. Ilkinji gezek ol özünden ep-esli güýçli bolan güýç bilen duşuşypdyr we näme bolýandygyna düşünip bilmändir.
Ol Mesihe iman edipdir we türme ýolbaşçylary ony başga kamera ýerleşdirendiklerine düşünipdirler. Onsoň ony mesihilerden aýryp, ýeke saklanylýan kamera taşlapdyrlar.
Ol özüniň ölýändigini duýupdyr. Ol Hudaý bilen gürleşip: «Eý Hudaý, ölmezimden ozal Seniň güýjüň we söýgiň hakynda kimdir birine şaýatlyk edip bilmegime mümkinçilik ber» diýip ýalbarypdyr.
Bir wagt türmede ýer bolmandygy üçin, meni onuň ýanynda bir kamera ýerleşdirdiler. Men onuň gaty erbet haldadygyna dessine düşündim — ol bihuş ýagdaýynda ýalydy. Ol elini galdyryp, oňa ýakyn egilmegimi sorady. Şol gije ol maňa Isa hakynda, Onuň özümi neneň söýýändigi we meni halas etmek isleýändigi hakynda gürrüň berdi.
Haçanda daňdan men oýananymda, meniň goňşym bireýýäm gatap galypdy. Men onuň dälirändigi hakynda oýlandym. Şol gün garawullar meni berk düzgünli türmä geçirjekdiklerini habar berdi. Emma meni göçürmeli bolan maşynyň bir hepdeläp gijä galandygy sebäpli, men mesihilerden doly bolan beýleki kamera düşdüm. Olar maňa öz hoş habarçymyň taryhyny gürrüň berdiler we ölmezinden ozal onuň maňa şaýatlyk edendigini bilenlerinde, gaty begendiler. Beýleki türmä gitmezimiň öň ýanyndaky gije men öz ýüregimi Mesihe berdim.
Hut iman ölüp barýan adamyň durmuşyny gorady, çünki ol ölmezinden ozal Mesih hakda şaýatlyk etmek isledi. Ol mesihilere olaryň türmede bolan wagtlarynyň hemmesinde şatlyk berdi. Haçanda men özüme garaşýan sekiz azaply işli ýyllar hakynda oýlananymda, ol maňa umyt berdi. Eger Mesih bolmasady, men bireýýäm ölerdim. Indi bolsa ejirleriň diri şaýatlygy hökmünde men siziň alnyňyzda durun. Biz öz imanymyz arkaly däl-de, eýsem, özümizi Hudaýyň nädip ejirlerden halas edýändigini görýändigimiz üçin güýçli bolýandyrys. Biz has-da güýçli bolmalydyrys, bolmasa heläk bolarys.
3-nji goşmaça
STIW HAAS. YZARLANMALARA DUÇAR BOLAN ÝYGNAGA ISA ŞU GÜN NÄME DIÝERDI?
Ýigrenilen, türmä taşlanan, zorlanan, ejir çekýän we yzarlanylýan Ýygnagyň perişdesine. Bu seniň sabyrlylygyňy we çydamlylygyňy Bilýäniň, seniň belalaryňa Düşünýäniň we edil seniň özüň ýaly Öz hususy gymmatbaha ganynyň dökülerine çenli Özüniň wepalylygyny Görkezeniň sözleridir.
Sen özüňiň öz halkyňdan kesilip, aýra düşendigiň we hiç kimiň öz ýagdaýyňa düşünmeýändigini aýdýarsyň. Men seniň başyňa düşen belalaryň baryny, seniň Laosda, Indoneziýada we Hytaýda görýän görgüleriňi görýärin. Seniň çopanlaryňy nädip Eýranda, Hindistanda we Çeçenistanda yzarlap, olary öldürýändiklerini görýärin. Men nädip Sudandaky obalary partladyp, onuň ýaşaýjylaryny gulçulyga nädip äkidýändiklerini görýärin.
Men seniň gözleriňden dökülen her bir gözýaş damjalaryny sanadym, seniň arzuwlaryňyň her birini we eden dilegleriňiň her birini ýazyp aldym.
Ähli görgüleriňde Men hemişe seniň bilendirin. Men seni taşlamadym. Belki-de seniň görgüleriňiň we ejirleriňiň elhençleri bilen tanyş bolmadyk Meniň perzentlerimiň köpleri seniň Meniň üçin getiren gurbanlyklaryňdan umyt we güýç alýarlar. Men seniň görgüleriňi Mesihdäki doganlaryňa açdym we müňlerçe ýygnaklary seniň üçin dileg edip, saňa hyzmat etmeklige çagyrdym.
Sen özüňiň gorkýandygyň hakynda aýdýarsyň. Özüňdäkini we özüňde baryny senden aýryp bolmajakdygyny boýun al. Men saňa täze durmuş, çäksiz şatlyk we seniň bilen baky boljak Ruhy berdim. Seniň ähli zady özgerdýän Maňa bolan imanyň Ýoly, Hakykaty we Ýaşaýşy çyn ýürekden agtarýanlaryny Maňa tarap görnükdirýän maýak bolup hyzmat edýändir.
Sen umydyňy ýitirýändigiňi aýdýarsyň. Emma bu belalaryň iň soňky söz däldigini, Özümiň gudraty güýçli we adalatly Hudaýdygymy bilgin.
Men barynyň öwezini Özümiň kesgitlän wagtym dolaryn. Bu gaýgylaryň barynyň seni ýeňjek bolup haýbat atýandygyna seretmezden, Men saňa baky rahatlyk ýerini, täzelenmäniň we hakyky azatlygyň baky ýerini taýýarlandyryn. Bularyň baryny sen haçanda Meni öz Rebbiň hökmünde kabul edip, Maňa edil Patyşa kimin hyzmat etmäge başlanyňda alarsyň. Asyrlar boýy Men seniň bilen bile bolaryn.
Daşdan gelýänlerden, Ýygnagyň mugallymy ýaly bolup gelip, aslynda bolsa özleriniň şahsy eşretlerini Maňa dogruçyl boýun bolmadan ýokary goýýanlardan seresap bol. Köpler imanlylaryň diňe saglygy we howpsuzlygy talap etmelidiklerini yglan edip, özlerini imanyň ruhlandyryjylary kimin teklip edýändirler. Olara gulak asma. Bu seni Açgözlik, Howsala diýlip atlandyrylýan hysyrdyly hojaýynyň ýesiri edýän ýalan taglymatdyr. Ähli ejirleriňiň içinde diňe Özümiň seniň hakyky parahatlygyň we halas bolma ýoluňdygymy Men subut ederin.
Imanda ýetişmeklige ýetmän, Meniň Sözüme garşy gelýän ýalan düşünjeleri bolan ýanyňda duranlardan, Meniň Hakykaty ýoýup, halas bolmanyň diňe käbir bölejiklerini yglan edýänlerden habardar bol. Olaryň zordan göze ilýän ýalan taglymatlary edil sagdyn bugdaýlaryň arasyndaky haşal otlar ýaly imanlylaryň jemagatyny haramlap, bakyýete ýetmegiň Menden başga-da serişdeleriniň bardygyny ynanmaga mejbur edip, köpleri ýoldan çykarýandyrlar. Meniň Sözümi tanamaga ymtyl we söýgi esasynda gurlan Meniň tabşyryklarymda kök urup, berk gal.
Men seniň garyplykdaky oýlap tapyjylygyňa, ejirlerdäki mertebeligiňe, betbagtçylyklardaky şatlykly sabyrlylygyňa şatlanýaryn. Hut şu häsiýetler — ähli ýerdäki patyşalyklaryň baryndan üstün bolan Meniň güýjümiň hakyky şaýatlygydyr, hut şu häsiýetlerde islendik adamzat güýjüni ýeňip bilýän wepalylygyň çeşmesi gizlenýändir.
Wepaly bolmagyňa gal we Men seni arşa çykararyn.
Sabyrly we çydamly bol, çünki Men haýal edýän däldirin we tizden Öz işimi gutararyn.
4-nji goşmaça
ÜZÜL-KESIL (RADIKAL) MESIHILIK BOB MUERHEDIŇ «ÖZ ÝERINDE AÝDYLAN SÖZLER HAKYNDA» KITABYNDAN BÖLEK
Üzül-kesil mesihilik — bu akyl gurluşy däl-de, ýaşaýyş usulydyr. Ol gizlenmäge däl-de, ýeňmäge ymtylýandyr, ol özüni gurban bolan ýaly görkezmäge synanyşman, gurban ediji durmuş bilen ýaşaýandyr, ol sözleriň baýlygy bilen täsir döretmäge synanyşman, ýeňiş bilen dabaralanýandyr. Bu işjeňligi göz-görtel etmeklik bilen aklanman, hakyky işleriň hasabyny alyp barýan mesihilikdir. Ol kynçylyklaryň çuňuna aralaşyp, ylalaşyga ýüz tutýan däldir. Üzül-kesil mesihilik hiç haçan hem gowşaman, doly tizlik bilen uçýandyr. Ol hemişe-de batyrgaýlyk bilen hereket edip, hiç haçan hem seresaplyk edýän däldir! Ol daglary süýşürýändir, deňizleri kesýändir, diwarlary ýumurýandyr — we suwuň ýüzünde ýöreýändir, deňzi köşeşdirýändir, ölüleri direldýändir, bäş müňi doýdurýandyr we ýapyk gapylar arkaly geçýändir.
Üzül-kesil mesihilik köplenç ejir çekýär, köplenç ýokary galýar, her gün der döküp zähmet çekýär. Ol günäni gara diýip atlandyrýar, dowzaha otly köl, ikiýüzlülige ýamanlyk, şeýtana ýalançy diýýär we höküm — gaçabatalgasyzdyr diýýär. Üzül-kesil mesihilik gaty sesli garşydaş bilen ylalaşyga girişýän däldir, güýçli basyş astynda epilýän däldir, tankytdan titremeýändir, wagtyň geçmegi bilen sönmeýändir, türmede ölmeýändir we çyg sebäpli çüýreýän däldir. Ol yza çekilmeýändir, inkär etmeýändir, pikirini üýtgetmeýändir, dolanmaýandyr we täzeden dogulýan däldir.
Üzül-kesil hemişe Mesihi arşa galdyrýandyr, böwetleri dargadýandyr, islendik päsgelçilikleriň üstünden böküp geçýändir, göwnüçökgünliligi ýeňýändir, bihaýalygy süpürip taşlaýandyr. Ol tankytçylykdan üstün çykýandyr, ýeňilmekligi ýeňýändir we müňkürligi dargadýandyr.
Üzül-kesil mesihilik sadyklyk bilen berýändir, dyngysyz dileg edýändir, artykmajy bilen berýändir, hyjuw bilen işleýändir, söýgi bilen wagyz edýändir, uzak wagtlap sabyr edýändir we umyt bilen iman edýändir! Ol tomaşaçylar üçin oýnaýan däldir, öz derejesini peseldýän däldir, öz düzgünlerini nämedir bir zatlara uýgunlaşdyrýan däldir. Ol daş-töweregiň ýagdaýlarynyň birini görkezýän termometr däl-de, eýsem, daş-töweregiň ýagdaýyna gözegçilik edýän termostat bolup hyzmat edýändir. Ol hiç haçan hem köpçülikleýin, modaly, oňaýly, abraýly bolýan däldir we wagt döwrebap gadam urýan däldir. Onuň hakyky tarapdarlary azdyr, onuň pelsepesi meşhur däldir, emma onuň sylagy beýikdir. Onuň şägirtleri bu ýerde, bu dünýäde sylag alýan däldirler, emma Hudaý olara hökman: «Bolýar, oňat we wepaly gulum!» diýer.
5-nji goşmaça
ÝOHAN KOMPANÝENIŇ «TÄZE MÜŇ ÝYLLYGYŇ BOSAGASYNDA» ATLY DOKLADYNDAN BÖLEK
Görnüşi ýaly, dini azatlygyň derejesiniň pese düşmegine täsir edýän erbet meýiller dowam eder we mesihileri yzarlama bütin dünýäniň imanlylaryna şol ýa-da beýleki görnüşde täze ejirleri we görgüleri getirer. Täze müň ýyllygyň bu kynçylyklary ýeterli derejede çylşyrymly we olary çözmek aňsat däl. Iş ýüzünde gürrüň adamlaryň ykballary we olaryň janlary hakynda gidýändir.
Dini azatlyklar bilen bagly bolan kynçylyklaryň giň göwrümi soňky ýigrimi ýylyň içinde bäş görnüşli gapma-garşylykly ýagdaýlar bilen häsiýetlendiriler. Ýygnak bu synaglardan berkleşen bolup çykmalydyr.
1. Ideologiýa çägindäki söweş
Bu söweş Ýygnagyň yzarlanylýan ýurtlarynda alnyp barylýandyr, ýöne neneň geň bolýandygyna garamazdan, ideologiýalaryň gapma-garşylygy Ýygnagyň ep-esli rahat bolan ýurtlarynda-da syn edilýändir. Şu döwürde dünýä jemgyýeti Günbataryň döwlet ýa-da aýratyn şahsyýet hökmünde galan dünýäniň dini azatlygy çäginde hasap soramagyna, ara goşulmagyna ýa-da tankytlamagyna çynlakaý garşy çykýandyr.
Aýratynam bu Hantingdonyň tezisi diýlip atlandyrylanynda has-da aýdyň aýan bolýar. 1996-njy ýylda Semýuel Hantingdon (Samuel Huntingdon) siwilizasiýalaryň çaknyşygy we dünýä tertibiniň üýtgemekligi hakyndaky kitabyny çap etdi (The Clash of Civilizations and the Remaking of World Order). Bu kitabynda ol bütin dünýäni alty medeniýete bölýär: günbatar, sinaý, ýapon, indus, yslam we prawoslaw medeniýeti. Ol bütin dünýädäki parahatlyga bolan haýbat gapma-garşylykly bolan medeniýetleriň serhedindäki ýurtlardan çykýandyr diýip hasaplaýar. Şunuň bilen awtor özüniň ideýasynyň dünýäniň dini azatlygy üçin ölüm getirijidigini, ýagny, her bir medeniýetdäki içki kynçylyklar beýleki medeniýetlere hiç hili galtaşmaýandygyny aýtjak bolýar. Şeýle, eger Päkistan özüniň mesihi halkyny gyrmak isleýän bolsa, Günbatar hiç haçan hem muňa goşulmaly däldir. Her bir medeniýet özüniň düzgünleri we ýaşaýyş kada-kanunlary bilen ahlak adajygy bolmalydyr.
Soňky ýigrimi ýylyň içinde raýatlaryň hukuklary üçin göreşýän guramalaryň sany birden ösdi, mysal üçin «Halkara amnistiýa» (Amnesty International) we «Adam hukuklaryna syn edijiler» (Human Rights Watch). Olaryň ýerine ýetirýän işleri adamyň hukuklary ýa-da ýaşaýyş standartlary hemme ýerde birdir diýen ideýasyna esaslanýandyr. Şeýle garaýşyň çynlakaý duşmany her bir medeniýete öz standartlary mahsusdyr diýip tassyklaýan postmodernizmdir. Postmodernizm bireýýäm günbatar uniwersitetlerinde ýeňiş gazandy.
Iş ýüzünde günbatar häkimiýetleriň dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky gapma-garşylykly ýagdaýlara goşulyşmazlyk islegini görmek bolýar. Tibetde adam hukuklarynyň bozulýandygyna garşy edilýän çykyşlara garamazdan, Günbatar bu ýurtda dini hukuklary goramak üçin hiç zat hem etmeýär — äpet iş töwerekleri imanlylaryň işlerine goşulmaklyk synanyşyklarynyň barynyň öňüne böwet basýar.
Bu gapma-garşylykda kim ýeňýär? Garaşsyz döwletlerdäki dini azatlygyň derejesini kesgitlemäge we öz syýasatlary üçin hasap bermäge mejbur etmäge kimiň haky bar?
Bu söweşdäki ýeňilmeklik hoş habar ýygnaklarynyň we guramalarynyň meşhur bolmazlygyna getirer, çünki olar diňe hoş habar syýasatyny amala aşyryp, postmodernizmiň plýuralistik garaýyşlarynda durmazlar. Ýaňy-ýakynda indus radikallary Birleşen Ştatlardan bolan baptistleri tankytladylar, çünki bu baptistler «ruhy tümlükde galýan sekiz ýüz million induslar üçin dileg etmekligi» özleriniň dileg senenamalarynda belläpdiler. «Biziň medeniýetimiz siziňki bilen deňdir» diýip, induslar tassyklaýarlar. Emma hoş habar imanly mesihiler beýle hasaplamaýarlar.
Käbir medeniýetler dogrudanam ruhy garaňkylykda galýandyrlar we eger biz özümiziň oýlanýan zadymyz hakynda geplep bilmek hukugymyzy ýitirsek, onda biz şahsy azatlygymyzy ýitireris we yzarlanýan Ýygnagyň agzalarynyň azatlygy üçin göreşip bilmeýändiris. Belki-de, bularyň bary kän bir erbet hem däldir, çünki yzarlamalar köplenç Ýygnagyň ýetişmeklikde ösmegine hemaýat berýärdi. Emma şeýle ýagdaýda biz adam hukuklary üçin göreşýän arkadaşlarymyz bolan günbatar ýurtlarynyň hukuk goraýjylarynyň we häkimiýetleriniň kömeginden mahrum bolýandyrys, bular bolsa gaty gymmatly arkadaşlardyr.
Emma nädip biz göreşmelidiris? Oňa diňe bir ýokary orunlary eýeleýän aň-düşünjeli adamlar gatnaşmaly däldir, çünki her bir adam özi üçin dini soraglaryň gaty wajypdygyny tassyklap bilýändir. Haçanda käwagtlar ýigrenjilik ýaly bolup görünýän mukaddes kitap hakykatlaryny yglan edenlerinde, köp mesiheler şunuň bilen bu söweşe gatnaşýandyrlar. Mysal üçin, Angliýada Kenterberiýanyň arhiýepiskopy gomoseksuallaryň ruhanylar bolup hyzmat etmäge hukuklarynyň ýokdugyny yglan etdi. Ony dessine ýigrenjilikde aýypladylar, onda-da diňe bir seksual azlygyň hukuklary üçin göreşmeklik çäginde däl. Arhiýepiskop mukaddes kitap hakykatlaryna esaslanan öz pikirlerini beýan etmäge haklydyr, emma käbirleri üçin bu hakykatlar gaty masgaralaýjydyr.
Şeýle-de, käbir zatlardan ruhlandyrmaga mümkinçilik bermeýän sabyrlylygy boýun almaga biz ylalaşmaýandyrys. Leşek Kolakowski (Leszek Kolakowski) şeýle ýazýar: «haçanda sabyrlylyk biz babatda görkezilende, ol biperwaýlyk görnüşine eýe bolýandyr. Bizden, mysal üçin, öz garaýyşlarymyzy yglan etmeklikden saklanmagy haýyş edýärler we hatda beýleki adamlaryň kelläňe gelip biljek islendik hereketleri ýa-da pikirleri bilen ylalaşmagy-da talap edýärler».
Bu dini sabyrlylygyň däp bolup galan düşünjesine gaty gapma-garşy gelýär. Muňa laýyklykda, höküm sürýän dine hemmeleri uýdurmak üçin döwlet güýç ulanmaga hakly däldir. Bu söweş Günbatarda ýeňiş gazandy, emma bu şu gün dünýäniň beýleki ýurtlarynda, aýratynam yslam ýurtlarynda möwüç urmagyny dowam etdirýär.
Ýöne eger dini işlere gatnaşmaýan döwlet hemmeleri plýuralistik dine uýmaklyga mejbur etmäge synanyşýan bolsa, onda ýeňiş öz manysyny ýitirýändir. «Siz ABŞ-da ýaşaýan buddistleri mesihiler bolmaga mejbur edip bilmersiňiz» diýmek bir gürrüň (bu däp bolan dini sabyrlylyk, çydamlylyk). «Mesihi buddiste wagyz etmeli däldir, ol buddistiň ynanjyna hormat goýup, oňa sabyrly gatnaşyk etmelidir, çünki ähli ýollar hem Hudaýa eltýändir» diýip tassyklama has-da başga gürrüň. Haçanda biperwaýlyk hakynda edil sabyrlylygyň täze kesgitlemesi hakynda aýdanynda, Kolakowski hut şuny göz öňünde tutýar. Hut biperwaýlyk adamyň mesihimi ýa-da indusdygynyň parhynyň ýokdugyny yglan edýär, çünki olaryň ikileriniň hem ýollary Hudaýa eltýändir. Emma mesihi şu ýagdaýda garşy çykyp, özüniň «hüjüm edijilik» hukugyny gorar. Dini saýlamaklyk — bu tagamyň işi däl-de, ýaşaýyş bilen ölümiň işidir.
Şonuň üçin hem soňky ýigrimi ýylyň içinde gapma-garşylyk gitdigiçe güýçlener. Neneň geň bolýandygyna seretmezden, mesihiler özlerini yzarlaýan ýurtlarda dini azatlyk ugrundaky söweşde ýeňiş gazanýarlar, şol bir wagtyň özünde bolsa günbatar ýurtlarynda olar ony ýitirýärler.
2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çägindäki söweş
Biziň durmuşymyzy şeýle güýçli özgerdýän habar beriş serişdeleri çäginde söweşiň boljakdygy gaçybatalgasyzdyr. Maglumatlanma asyrynyň geň ýeri — bu maglumatyň has hem elýeter bolup barýandygy, adamlaryň bolsa has pes derejede maglumatlanan bolmagydyr. Yzarlanylýan Ýygnak üçin howp bu ýerde şunda jemlenendir, ýagny köpler oňa kömek etmek islärdiler, emma bilimleriniň ýeterli däldigi üçin ýa-da Ýygnaga zyýan ýetirýärler, ýa-da ony öz maksatlary üçin ulanyp başlaýarlar. Şeýle ýagdaýda söweşiň maksady yzarlanylýan Ýygnagy ulanmak däl-de, ony goramak bolup durýandyr.
Dünýä Ýygnagyň yzarlanmalarynyň peýda bolan ýagdaýlary hakynda şaýatlyk etmelidir. Yzarlanmalar we kowalanmalar, belki-de, geljekki ýigrimi ýylyň içinde dürli usullar bilen amala aşyrylyp bilner:
1. Yzarlanylýan Ýygnak özi hakda dürli hyýaly pikirleri ýaýradyp, gazanylmadyk ünsi özüne çeker. Yzarlanylýan ýygnaklar köplenç özleriniň ejirlerini nädogry düşündirerler. Ine, yzarlanylýan Ýygnagyň ýaýratjak käbir ýalan pikirleri.
• «Hudaý tarapdan yzarlanmalar». Ýok, yzarlanmalar — bu ýamanlykdyr. Yzarlanmalar Hudaý tarapyndan däl-de, şeýtan tarapyndan gelýändir. Şeýle adamlar Hudaýyň niýetini Onuň ähli zady ýagşylyga öwürmeklige bolan ukyby bilen çalyşýarlar.
• «Yzarlanmalar şertinde Ýygnak oňat öser». Ýygnak dogrudanam yzarlanmalar şertlerinde ösýändir, emma onuň parahatlyk şertlerinde ondan-da oňat ösýändigini tassyklaýar (Resullaryň işleri 9:31-e seret).
• «Yzarlanmalara garşy durmagyň deregine, olara şatlanmalydyr». Isa bize yzarlanmalardan gaçmagy maslahat berýär (Matta 10:23-e seret), resul Pawlus bolsa parahatlyk üçin işlemekligi buýurýar.
• «Imanda ösmek üçin yzarlanylmalardan geçmeli». Hytaýdaky öý ýygnanyşyklarynyň ýolbaşçylarynyň käbirleri yzarlanylmalar — bu imanlylaryň ruhda ösmekleriniň usullarynyň biri däl-de, ýeke-tägi diýip hasaplaýarlar.
2. Internet asyrynda myş-myşlar gaty çalt ýaýraýandyr, şonuň üçin yzarlanylýan ýygnanyşyklar hakynda gaty kän ýalan maglumatlar bolar.
3. Ýygnagyň yzarlanylýandygy hakyndaky habarlaryň sany artar. Ideologiýa erasy tamamlandy diýip tassyklamak şu wagt gaty kyn. Öňler bary gaty ýönekeýdi. Mysal üçin, Hytaýda Mao Szedun döwründe ähli mesihiler deň derejede ejir çekipdiler. Emma şu wagt ýurduň içinde azatlykdan peýdalanýan resmi diýlip yglan edilen ýygnakly etraplar bar, beýleki etraplarda bolsa resmi ýygnak gözegçilik astyndadyr we gaty korrumpirlenendir we bu mesihileri öý ýygnaklaryna gitmäge mejbur edýär. Azatlygyň derejesiniň tapawudy anyklaşdyrylmagy ýeňil bolmadyk ençeme düzüjilere baglydyr. Emma maglumaty oňatja täzeden işlemekleri üçin wagtlary bolmadyk adamlara biz bu geň ýagdaýy nädip ýetirmeli? Şeýle ýagdaýlar yzarlanylmalaryň gitdigiçe agyrlaşdygyça, has-da aktual bolup başlaýandyr.
4. Jemgyýet we imanlylar ýygnak bilen yzarlaýanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna nädogry düşünip bilerler. Hoş habary ýaýratmaklyk bilen meşgullanýan guramalar mesihileri yzarlaýanlar bilen ýüzbe- ýüz gürleşmeli bolarlar (mysal üçin, Hytaýda ýokary döwlet ýa-da musulman ýolbaşçylary bilen gürrüň etmeklik). Adaty imanlylar özleriniň satylandyklary hakynda oýlanyp bilerler.
5. Sany azalyp barýan sponsorlar tarapyndan pul kömegini almak bäsdeşligi gitdigiçe güýçlener, yzarlanylýan Ýygnagyň çäklerindäki mesihi guramalaryň sany bolsa artar. Pul meselesiniň kynlaşdygyça, mesihi guramalara biriniň başga biriniň hasabyna «pul gazanmaklyk» synagynyň alnynda berk durmaklyk garaşýandyr.
6. Yzarlanylýan Ýygnagy hem goramaklyk, hem-de oňa düşünmekligi öwrenmek gerekdir. Soňky bäş ýylyň içinde yzarlanylýan Ýygnak syýasatçylaryň gün tertibiniň iň möhüm temasy bolup galdy, aýratynam Birleşen Ştatlarda. Bu oňat ýagdaý, emma bu ýerde howp hem bolup bilýändir, ýagny hukuk goraýjylaryň gapma-garşylyklarynda yzarlanylýan Ýygnagy güýçli delilnama hökmünde ulanmaklyk mümkin. Mysal üçin, Klintona basyş etmek üçin käbir mesihi guramalar Hytaýdaky yzarlanylýan Ýygnagyň betbagtçylykly ýagdaýyny ulandylar. Käbir hukuk goraýjylar kynçylygyň özenine düşünmegiň we yzarlanylýan Ýygnaga kömek etmegiň ýollaryna düşünmekligiň deregine, öz işlerindäki syýasy maksatlara ýetmek bilen gyzyklandylar. Beýlekiler bolsa Ýygnaga kömek etmekde kanunyň roluna bolmalysyndan artyk baha berdiler. Geljekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çäginde ýagdaý has-da erbetleşer. Telewideniýä we kinostudiýalara eýe bolanlar has-da «bäsdeşlige ukyply bolan» öz habarlary bilen özleriniň garşydaşlaryny «aýryp» taşlamaga synanyşarlar.
3. Ruhy çäkdäki söweş
Azat dünýädäki ýygnaklary yzarlanylýan Ýygnagyň imanlylarynyň toplan tejribesi bilen baýlaşdyrmak üçin ruhy söweşe girişmek gerekdir. Yzarlanylýan imanlylaryň durmuşlary Günbatarda şägirtleri terbiýelemäge kömek edýär. Soňky otuz ýylyň içinde ep-esli hereket bolup geçdi: günbatar Ýygnagy yzarlanylýan Ýygnaga kömek edip başlady we öz gezeginde, yzarlanylýan Ýygnak hem günbatar Ýygnak bilen Hudaýyň güýji hakyndaky ruhlandyryjy şaýatlyklary paýlaşdy. Bu paýlaşma ruhy çäge-de ýaýraýandyr, ýagny yzarlanylýan Ýygnak bilen gatnaşyk nädip Hudaýa ýakynlaşmalydygyny görkezýär. Yzarlanylýan Ýygnak çynlakaý ruhy hakykatlara aň ýetirmeklige bizi mejbur edýär, ýagny bu hakykatlary biz öz medeniýetimiziň şertlerinde biperwaý galdyrmaga ýykgyndyrys. Bu bütin günbatar Ýygnagynyň täzelenmegi üçin wajyp açar bolup hyzmat edip bilýändir.
Günbatardaky imanlylaryň bu düşünjäni özleriniň Hudaý bilen ýörelgelerinde ulanyp bilmekleri üçin, yzarlanylýan Ýygnagyň eýe bolan ruhy öňden görüjiligine günbatar Ýygnagy oýarmak üçin güýçli synanyşyklar gerekdir. Bu bütin ýer ýüzündäki Ýygnagyň birlikde we güýçli bolmaklygyna kömek eder.
Mysal üçin, ejir çekýän Ýygnagyň artykmaçlyklarynyň biri onuň dünýä «apokaliptiki» (ahyrzamanyň tizden geljekdigi) gözler bilen seretmäge taýýarlygynda jemlenendir. «Açyk gapylar» guramasynyň işgärleriniň biri 1999-njy ýylda hytaý we amerikan ýygnak çopanlarynyň arasyndaky şeýle gürrüňiň erksiz şaýady boldy:
Amerikan çopany (AÇ): Mukaddes Kitabyň haýsy kitaby siziň üçin has gymmatdyr?
Hytaý çopany (HÇ): Belki-de, Ýahýanyň Ylhamydyr, çünki...
AÇ: Çünki siziň ejirleriňiz sizi ahyrzamanyň çaltrak gelmegini we munuň Isanyň ýeňşi bilen boljakdygy baradaky öňden görüjilik bilen berkemegiňizi küýsemeklige yrýarmy?
HÇ: Bu hem dogry, emma biz Ylham kitabyna diňe bir ahyrzamanyň beýannamasy hökmünde seretmeýäris, biz onda, şeýle-de, dünýäniň şu wagt nähili ýagdaýdadygy baradaky beýannamany hem görýäris.
AÇ: Hawa, biz dogrudanam soňky günlerde ýaşaýandyrys!
HÇ: Ýok, men hemmämiziň soňky günlerde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutýaryn. Ylham kitaby Isanyň Amerikadaky siziň üçin bolşy ýaly, Hytaýdaky biziň üçin hem öleninden başlap, biziň dünýämiziň baky ýagdaýyny beýan edýändir.
AÇ: Men size düşünmeýärin. Ylham kitaby bize nädip dünýäniň ahyrynyň geljekdigi hakynda gürrüň berýär.
HÇ: Men bolsa bu kitabyň biziň dünýämiziň häzirki ýagdaýyny beýan edýändigi hakynda aýdýaryn. Ýokary ýaşaýşyň derejesiniň bu hakykaty Amerikadaky imanlylardan gizländigi aýdyň. Görýärsiňizmi, Hytaýda bizde öz kaýsarymyz bar, onuň ady Mao we ol hem edil irki Ýygnagyň döwründäkisi ýaly, diňe bir kaýsara degişli bolanyny däl-de, eýsem, Hudaýa degişli bolanyny-da özüne berilmegi talap edýär. Ol bize basyş etmek üçin Haýwany we bizi ýoldan çykarmak üçin bolsa ýalan pygamberi ulanýandyr. Haçanda biz burparazçylyga «Guzynyň güwäligi» bilen garşy duranymyzda, bizi türmelere taşlap, öldürmäge başladylar. Şeýlelikde, biz Ylham kitabynyň islendik jemgyýetde bolup geçýän ruhy söweşi beýan edýändigini görýäris.
AÇ: Emma şu gün bu amerikanyň jemgyýetinde ýok. Siz munuň bizden gizlindigini aýdýarsyňyz. Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?
HÇ: Bu gapma-garşylyk Hytaýda biziň üçin aýdyň. Siz Maonyň özüni but edip, seždäni talap edýändigini görmän bilmeýärsiňiz. Şol sebäpli biziň üçin perde aýrylypdy we biz dünýäni onuň bolşy ýaly gördük, ýagny ol — butlaryň özlerine seždäni talap edýän ýeridir. Bu sizde-de, Amerikada-da bardyr, emma bu ýagdaýlar siziň ýurduňyzda gizlin bolup geçýär.
AÇ: Emma, belki-de, olar asla ýokdur? Görýärsiňizmi, biz mesihi ýurtda ýaşaýarys ýa-da, hiç bolmanda, ýaşapdyk.
HÇ: Men size diýýärin ahyryn, siziň jemgyýetde-de öz kaýsarlary ýa-da butlary bar, olar hatda siziň ýygnaklaryňyzda hem bar. Butparazçylygyň Mukaddes Kitap tarapyndan goldanylýandygy we olara sizi itýän haýwanlar hem bar. Mysal üçin, siziň kaýsaryňyz hökman adam bolman hem biler, ol ideýa ýa-da pikir bolup hem biler. Bizde, okuw wagtynda bir ýyllap amerikan maşgalasynda ýaşan bir ýaş ýigit bar. Maşgaladakylaryň hemmesi oňat we sadykdylar, emma ol maşgala agzalarynyň hemişe ejir çekýändiklerine üns beripdir. Gaty oňat pul gazanýandyklaryna seretmezden, maşgaladaky ata-da, ene-de gaty kän işleýärdiler. Olaryň üç maşynlary, iki jaýlary bardy we şäheriň daşyndaky bir gymmat klubyň agzalarydylar, emma ýigidiň çaklaýşyna görä, ýygnaga olar ujypsyzja sadaka berýärdiler. Olar talyba hytaý ýygnagy hakynda ýekeje-de sorag bermändirler we onuň şol ýerde bolmagynyň ahyrynda içinde ýigrimi dollar bolan bir bukjany gowşurypdyrlar. Bu ýigit maňa şeýle diýdi: «Meniň olara gaty haýpym geldi. Olar özleriniň azat adamlardyklary hakynda oýlanýardylar. Emma iş ýüzünde olar gullar. Olar argynlykdan ýykylýarlar, çünki olar özleriniň “amerikan arzuwy” diýip atlandyrýanyna ýetjek bolup ymtylmaly bolýarlar». Görýärsiňizmi, entek şeýtan barka, bizi Hudaýa sežde etmekden ünsümizi sowmaga dyrjaşýan butlar hem bar bolmagyny dowam etdirer. Käbir butlar aýdyň göze görünýändir we yzarlanmalar arkaly duşman bizi olara sežde etmäge mejbur etdirjek bolýar, şonuň üçin-de olaryň nähili butlardygyny biz öz gözlerimiz bilen görýäris. Emma eger siz yzarlanmalaryň aýdyň yşygynda bolmaýan bolsaňyz, siz ýalan hudaýlara sežde edip, özüňiz muny bilmän hem bilýänsiňiz. Ylham kitabynda getirilen gapma-garşylyk hemişe we hemme ýerde bolup geçýändir. Yzarlanmalar ýöne bizi muňa düşünmäge iterdi, gülläp ösmeklik bolsa gözleri ýumýandyr.
AÇ: Hm-m-m... Eger siziň diýýänleriňiz dogry bolsa, onda talap etmeklik jemgyýeti — bu kommunizmden hem elhenç bolan imany öldürijidir.
HÇ: Biz bu ýerde, Hytaýda, «apokaliptiki gözlerimizi» ýitireris we wagtyň geçmegi bilen kommunizm döwründe şeýle aýdyň bolan talap etmeklige bolan ymtylmadaky butparazlygyň şol güýjüni görüp bilmeris diýip, gaty gorkýarys.
Bu amerikan çopany yzarlanýan Ýygnagyň tejribesi arkaly hakykaty gördi we ähli günbatar mesihileri-de öz gözlerinden perdeleri aýyrmaklyga yzarlanýan Ýygnaga rugsat bermelidirler. Edil Hytaýda we Koreýada bolşy ýaly, täze azatlyklar hoş habarçy imanlylaryň täze tolkunlaryny we olaryň mugallymlaryny galdyrar. Ýygnak täze hyzmatkärleri kabul etmelidir.
4. Syýasat çägindäki söweş
1979-njy ýyldaky Eýran rewolýusiýasyndan soň bütin dünýä boýunça syýasy görnükli adamlar yzarlanmalary syýasy güýç hökmünde ulanyp boljakdygy hakyndaky düşünjä geldiler. Dini urşy başlap, häkimiýete eýe bolmak mümkin. Dörän bulam-bujarlygy ussatlyk bilen öz syýasy maksatlaryň üçin ulanyp bolar. Eýranda şeýle boldy we häkimiýeti öz ellerine almaga ymtylan durnuksyz syýasatçylar bütin dünýäniň yslam ekstremistlerinde «dogry» dini gazaby emeli usulda döretdiler. Bu tär Janan Bharatiniň indus ekstremist partiýasynyň syýasy düşeginde öz ornuny eýeledi. Eger-de Ambon adasyndaky gödeklilik saklanylmadyk bolsady, onda bu tär Indoneziýada öz yzy bilen kän betbagtçylyklary getirip bilerdi.
Şonuň üçin hem mesihiler hiç haçandakysy ýaly oduň çyzygynda durýandyrlar we geljekki ýigrimi ýylyň içinde ýagdaý has-da agyrlaşar. Mesihiler ýigrenjiň toparynyň, oňatja düzülen ýalanyň merkezi bolarlar, munuň netijesinde bolsa soňy bilen ýalan günäkärlemeleri gödek yzarlanmalaryň esasy hökmünde ulanmak üçin imanlylara töhmet atmaga synanyşarlar. Şonuň üçin hem her bir ýalany mümkin boldugyndan çaltlyk bilen paş etmeli. Solženisynyň aýdyşy ýaly, «bir dogrulyk sözi bütin dünýäniň delilnamalaryndan üstün bolmalydyr». Geljegiň uruşlarynyň dini tarapdan boljakdygy mümkin zatdyr we bütin dünýäde parahatlygyň höküm sürmegi üçin biziň hem öz rolumyzy oýnamalydygymyzy aýtmak ulaltmak bolýan däldir. Yzarlanmalary düwünçekde togtadýanlar dünýäde parahatlygy saklamaklyk işine islendik prezidentden ýa-da syýasatçydan has uly goşant goşýandyr.
5. Ýygnak çägindäki söweş
Soňky bäş ýylyň içinde protestant ýygnaklary yzarlanylýan Ýygnaga goldaw berip başladylar. Yzarlanylýanlar üçin halkara dileg gününiň muňa göni gatnaşygy bardyr. Öňler protestant ýygnaklary gizlin Ýygnagyň yzarlanylmalaryna uly mönsüremek bilan gatnaşyk edýärdiler, şonuň üçinem yzarlanylýanlara goldawy garaşsyz bolan ýygnaklar berýärdiler.
Emma indi ýagdaý üýtgeýär. Waşington okrugyndaky iň meşhur preswiterian ýygnagynyň 1998-nji ýylda Andreý dogany Halkara dileg gününe çagyrmaklygy (bu on ýyl mundan ozal aklyňa sygmajak zatdy) täze ruhlandyryjy mümkinçilikleriň nyşany boldy.
Eger-de däp bolan ýygnaklar hoş habarçy ýygnaklary diňlemek isläýseler, onda soňkular yzarlanylmalar we kowalanmalar baradaky bilimleri bilen paýlaşyp bilerler. Hoş habarçy ýygnaklar hem däp bolan ýygnaklardan resmilik tejribelerine öwrenip bilerler. Şeýle, eger bu kynçylyga ussatlyk we seresaplyk bilen çemeleşilse, onda günbatar protestantizminiň içinde ýygnaklaryň ekumeniki galtaşmasy, ýagny ähli protestant mesihi ugurlarynyň birleşmekligi bolup geçmegi mümkin. Belki-de, ekumenizm (ýagny ähli protestant mesihi ugurlaryň birleşmesi) bilelikdäki iş arkaly ýetip bolýan zada gönükdirilende, ol taslama hökmünde durmuşa ukyply bolup bilýändir. Bu ençeme on ýyllyklaryň içinde bar bolan, gelen şübheleri ýeňmeklige gönükdirilen uzak möhletli taslamadyr. Dürli dini toparlar arasyndaky gürrüňdeşlikde böwet bolan ylahyýet tapawutlyklaryny ýatdan çykaryp bolar. Yzarlanylýan Ýygnaga edilýän goldaw ýene-de bir ses boljak bütindünýä Ýygnagynyň birleşmegi üçin wajyp başlangyç bolup biler. Emma entek bolsa biz özlerimiziň seslerimiziň köplügi bilen bir-birimizi heläkleýäris we özümizi diňleýänleriň baryny aljyraňňylyga düşürýändiris, biz özümiziň Rebbimiz Isa Mesihiň taglymaty bilen özümizi gurşap alan dünýäniň durmuşyna täsir edýän däldiris.
Soňky ýigrimi ýylyň içindäki Ýygnagyň gatnaşmaly boljak bäş sany açary söweşde käbir wajyp ýagdaýlary ýatda saklamak gerekdir. Eger biz imanyň berk esaslarynda dursak, onda oňat söweşip bilýändiris.
1. Azat Ýygnak üçin ukudan oýanma
Beýik tabşyrygy ýerine ýetirmek işinde howply döwür geldi. Gürrüň Ýygnagyň bu tabşyryga boýun bolmaýandygynda däldir. Bu asla beýle däl. Haçanda adamlar iman edip, beýleki adamlara öz imanlary hakynda şaýatlyk etmäge gidenlerinde, köplenç ejir çekmeli bolýandyrlar. Şonuň üçinem biziň çakylygymyz ýönekeýdir: biz Ýygnagyň durmuşyndaky ejir çekmäniň mukaddes kitap nusgasyna bolan düşünjä bolanyp gelmelidiris. Bu biziň şuny boýun almalydygymyzy aňladýandyr, ýagny ençeme adamlar üçin özleriniň Isa Mesihi kabul edýändiklerini hemmeleriň öňlerinde boýun almaklary masgaralanmakdan ölüme çenli ähli zada ylalaşmaklygy aňladýandyr. Şu gün dünýäde bu tassyklama millionlarça mesihi imanlylary babatda adalatlydyr.
Şu gün azat ýaşaýan mesihileri ejirleriň hakykylygy barada habarly etmekligiň her bir synanyşygyny goldamak gaty wajypdyr. Şu günüň hakykylygy — irki Ýygnagyň ykbalyna düşen şol ejirlerdir we biz muňa haýran galmaly däldiris, çünki mukaddes kitap muny aýdyň beýan edýändir. Resul Pawlus Timoteosa şeýle diýýär: «...Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör» (2 Timoteos 1:8).
Köplenç yzarlanmalara utanman şaýatlyk edýän mesihiler duçar bolýandyrlar. Repressiw režimli ýurtlarda wagyzçylar türmä düşmeklige töwekgellik edýändirler, hoş habarçy mesihiler polisiýa bilen çaknyşykdan gaçmaga mejbur bolýarlar, ýaňy iman edenleri bolsa «jenaýatçylar» diýip atlandyrýarlar. Özümiziň yzarlanylýan doganlarymyza kömek etmek bilen biz Beýik tabşyryk işini goraýandyrys we öňe sürýändiris.
2. Dileg — wajyp halka
Yzarlanylýan mesihiden oňa nädip kömek edip bilýändigiňiz hakynda soraň we jogap edip, onuň: «Haýyş, biziň üçin dileg ediň» diýenini hökman eşidersiňiz. Yzarlanylýan Ýygnagyň imanlylary dilegiň güýjüni gaty gowy bilýärler. Bir mesihi dogan adalatsyz höküm edilipdi we Perunyň türmesiniň ýeke adamlyk kamerasynda ol şeýle şaýatlyk etdi: «Men siziň dilegleriňiz bilen ýaşaýaryn». Beýlekisi şeýle diýýär: «Diňe siziň özümizi dileglerde goldaýandygyňyz sebäpli, biz öz işimizi dowam etdirýäris».
Biz yzarlanylýan Ýygnagy goldaýarys we ejir çekýän imanlylar bilen gatnaşyklardaky dilegiň täze we täsin taraplaryny aýan edýäris. Azat ýygnak mesihileriň dileglere jogap berýän Hudaýa dileg edýändikleri hakyndaky hakykaty täzeden bilýär. Günbatarda ýaşaýan biz haçanda özümiziň imany üçin güýçli ejir çekýänler üçin töwellaçylyk edip edýän dileglerimize jogaplary alanymyzda, täze ruhlanmany alýarys. «Açyk gapylar» guramasynyň dileg hyzmatyna baş goşan golland lukmanynyň şatlygyny göz öňüňize getirip görüň! Hudaý bu lukmany yrypdyr welin, ol hat gatnadyjy bolup işleýän öz dostuna bir derman beripdi. Bu hat gatnadyjy Gündogar Ýewropa Mukaddes Kitaby eltýär eken. Haçanda hat gatnadyjy nobatdaky ýurda baranynda, özüni kabul eden imanly doganynyň gyzy ölüm howply kesel bilen kesellän eken. Emma biziň hat gatnadyjymyz imanlynyň gyzyny halas eden şol seýrek duş gelýän dermany getirendigine göz ýetiripdir.
Yzarlanylýan Ýygnagyň durmuşynyň hakykylygy bütin dünýäniň mesihileri tarapyndan boýun alynýar. Yzarlanylýan Ýygnak üçin Halkara dileg gününiň abraýynyň çalt ösmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr. Bu täsin işjeňlik uly bolmadyk toparyň içinde başlap, indi bolsa bir ýüz otuz ýurtlardaky üç ýüz müň ýygnaklary öz içine alýar.
Yzarlanylýan Ýygnak — bu dileg edýän Ýygnak. Hytaýda dileg edýänler «ilkinji dileg ýygnagy üçin» daň sagat üçde turýarlar. Hawa, haçanda siz Hudaýyň alnyndaky öz dilegleriňizde bu anyk adamlar hakynda haýyş edeniňizde, bu siziň hyzmatdaşlygyňyzyň tolgundyryjy we wajyp halkasydyr. Siz olaryň hem öz gezeklerinde özüňiz üçin dileg edýändiklerini bilýänsiňiz.
3. Şahsy bolmaklyk (duşuşmaklyk) hyzmaty
Haçanda mesihiler dilegde birleşenlerinde, Hudaý köpleriň «öz dileglerini eltmeklerine» we yzarlanylýan Ýygnagyň agzalary bilen şahsy duşuşmaklyga çagyrýandyr. Haçanda imanlylar özlerini ýatdan çykarmandyklaryny bilenlerinde, diňe şonda olar islendik hüjümlere we basyşlara döz gelip bilýändir.
Biziň bagtymyza, yzarlanylýan Ýygnagyň agzalary bilen gatnaşygy ýola goýmaga kömek edýän guramalar we halkara maslahat beriji merkezler bar. Şeýle guramalaryň sany mundan-da kän bolmalydyr. Maglumat çägindäki täze tehnologiýanyň artykmaçlyklaryny ulanyp, maglumat bilen çalyşmaklygy artdyryp, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldip bolýandyr.
Duşmanyň açary täri imanlylary bir-birleri bilen gatnaşykdan mahrum edip, olara basyş etmekliginde jemlenendir. Yzarlanylýan Ýygnak bilen biziň gatnaşyklarymyz şeýtanyň şu meýilnamalaryny amala aşyrmagyna mümkinçilik bermän, imanlylaryň dünýäniň ähli künjegine Hoş Habary eltmeklerine rugsat berýändir.
4. Mukaddes Kitaby eltmeklik
Şol bir wagtyň özünde, haçanda mesihiler Rebbiň gidip, «Onuň guzularyny bakmaklyk» tabşyryny ýerine ýetirenlerinde, olar ýene-de mesihi durmuşynda Mukaddes Kitabyň merkezi roluny tassyklaýarlar. Edil bütin dünýäde bolşy ýaly, Hytaýda we Afrikada Mukaddes Kitabyň ýiti ýetmezçiligi we ýygnakdan aýra düşürilen imanlylaryň Hudaýyň Sözüne bolan güýçli mätäçligi duýulýar. Mukaddes Kitabyň kömegi bilen yzarlanylýan Ýygnagyň imanlylarynyň geljegini goramaklyk üçin mätäçligi görüp, oňa jogap bermekligiň täze we berk çakylygy azat dünýädäki ýygnak üçin ýaňlanýandyr.
Mukaddes Kitap düzgünlerine esaslanan bu kömek, şeýle-de, eger azat Ýygnak bu kömegi türmede ejir çekýänleriň ýeňilligi we azat bolmaklary üçin ulanmasa, onda öz azatlygyny ýamanlyk üçin ulanýandygyny hem aňladýandyr. Biz özümiz üçin adalatlygyň we dogrulygyň köneäht pikirini täzeden açyp, gadymy pygamberleriň paş etmeleriniň döwletiň we korrumpirlenen häkimiýetiň şu gün Hudaýyň halkyna nähili gatnaşyk edýändigine degişlidigini boýun almalydyrys. Hudaýyň halky hem Hudaýyň toba etmeklik çakylygyna jogap bermelidir. Sesiňi çykarmazlyk, ýagny haçanda sowet režimi döwründe millionlarça mesihileriň ejirlerine kem baha bermäge synanyşmaklyk günäsi bireýýäm boýun alyndy. Birlik düşünjesi «ylalaşygy» ýa-da «syýasy anyklygy» aňladýan ýöne bir söz bolman, eýsem, ol bütin dünýädäki mukaddes kitap imanlylary bilen hakyky raýdaşlygy beýan edýändir.
5. Täze iman edenler hakynda alada
Hoş Habaryň güýçli garşylyga duş gelýän ýerlerindäki täze imana gelenler hakynda alada etmegiň wajyplygyny biz belläp geçýäris. Şol bir wagtyň özünde, biz Mesihiň Tenindäki hakyky ruhybelentlik we ruhlandyrma mätäçliginiň azat dünýäde bolşy ýaly, azat däl dünýäde-de duýulýandygyny belleýäris. Bilimleriniň we tertip-düzgüniň ýetmezçiligi zerarly täze iman edenler ýokary töwekgelli topara girýärler. Olar Hoş Habaryň duşmanlary tarapyndan hüjümiň söýgüli nyşanlary bolýarlar.
Täze iman edýänleriň sanlaryny hasaba almaklyk ýeterli däldir. Olaryň iman edendikleriniň şatlygy alada bilen deňeşdirilmelidir, bolmasa täze iman edenleriň durmuşlarynyň uly sany bilen beýan edilip bilinjek bahany tölemeli bolarys. Käbir musulman ýurtlarynda mesihilige iman etmeklik bilgeşleýin öz durmuşyňy howp astyna salmaklygy aňladýandyr. Bu ýurtlarda Hoş Habar iň güýçli garşylyga duş gelýär. Eger biz dogrudanam «ähli milletleri öwredip», Ýygnagyň güýçli we sagdyn bolmagyna ymtylýan bolsak, onda biz täze iman edenler baradaky aladany birinji orna goýmalydyrys.
6-nji goşmaça
«ADALATLY URUŞ» TEORIÝASY
Köp adamlar üçin mesihileriň urşa bolan gatnaşyklarynyň hemişe-de jedelli sorag bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Şu meseläni galdyranyň dessine, mesihileriň garşydaşlarynyň käbirleri adalatly uruş teoriýasyna salgylanýarlar. Bu nähili teoriýa we ol nireden peýda boldy? Ol häzirki zaman uruşlary üçin ulanylyp bilnermi? Adalatly uruş teoriýasynyň peýdasyna we garşysyna nähili deliller çykaryp bolar?
Adalatly uruş teoriýasy hakynda gürrüňe başlamazymyzdan ozal, umuman uruş sözüniň astynda biziň nämäni göz öňünde tutýandygymyzy anyklaşdyrmak gerekdir. Uruş astynda biz «ýaragly güýçleriň gatnaşmagyndaky iki ýa-da ondan köp garaşsyz döwletleriň bir-birlerine garşylyk görkezmegini» göz öňünde tutýarys. Bu kesgitlemä oňatja üns berip, biz urşuň gapma-garşylykly ýagdaýlardan, mysal üçin, serhetdäki garşylyklardan tapawutlydygyny görýäris. Uruşda öz aralarynda uruşýan garaşsyz döwletler gatnaşýarlar, bu raýatlyk pitneler we ýurduň içindäki tertipsizlikler däldir. Döwlet öz içindäki anyk bir şahsyýet ýa-da adamlary topary bilen däl-de, beýleki bir döwlet bilen söweşýändir. Ýöne ýaragy ulanmaklyk, mysal üçin, söwda etmekligi gadagan etmekligi ýa-da gabawy aradan aýyrmaýandyr. Bu urşuň esasy häsiýetnamasy.
Ýygnak taryhçylarynyň aglaba böleginiň adalatly uruş teoriýasyny esaslandyryjynyň keramatly Awgustin bolandygy bilen ylalaşýarlar. Haçanda gürrüň aýratyn bir adamyň özüni goramaklygy hakynda gideninde, Awgustiniň tassyklamasy boýunça, adamyň durmuşyny halas etmeklik ýa-da onuň emlägini goramaklyk ýakynyňy öldürmek üçin aklama bolup hyzmat edip bilmeýändir. Bu tassyklama mesihi rehimdarlygynyň ýagdaýynda esaslandyrylandyr. Emma haçanda gürrüň döwletleriň ýolbaşçylary hakynda gideninde, olar parahatlygy goramaga borçludyrlar. Bu borç olara uruşmaklyga hukuk berýändir.
Adalatly uruş teoriýasy çägindäki Awgustiniň bu düşünjesi üç sany esasy düzgüne esaslanýandyr:
• adalatly sebäp;
• urşy başlamak üçin bikanun esas;
• hoş niýetler.
Adalatly urşuň bu üç düzgünleri bütinleý jus ad bellum diýleninde gurlandyr, çünki olar urşa aklaýjy halda seretmekligi teklip edýärler. Keramatly Awgustiniň pelsepeli pikiriniň esasy çeşmeleri öz gözbaşlaryny iki sany täsirli kanun çykaryjy ýygyndydan — Mukaddes Kitapdan we rim hukugynyň ýagdaýlaryndan alýandyr. Mukaddes Kitapdan Awgustin Isanyň Öz duşmanlaryny öldürmek maksady bilen gylyç ulanandygyny bilýär. Awgustin şeýle pikirlenýär, ýagny Isa Mesihiň adalatly maksada ýetmegi üçin ýaragy ulanandygy sebäpli adalatly urşy alyp barmaklyk mümkindir.
Rim hukugy Awgustine rim jemgyýetinde kanuny häkimiýet soraglaryny çözmek üçin niýetlenen şertleri teklip etdi. Edil Rimiň talanyşy hakyndaky Awgustiniň şahsy şaýatlygy ýaly, ony bu çeşmeler hem jus ad bellum üçin ahlak taýdan aklanylan şertleri gözlemeklige getirdi.
Awgustiniň pikirine görä, adalatly sebäp adalatly urşuň gidýän şertlerine, ölüm getiriji güýji ulanmaklyga rugsat berlen ýa-da ony hökman ulanmaly ýagdaýlara ünsi çekmelidir. Ol şeýle netijä gelýär, ýagny uruş daşky howpdan gorag hökmünde aklanylýandyr, ýagny haçanda bigünä durmuş üçin, jemgyýetiň geljegi üçin howp peýda bolanynda ýa-da adamyň esasy hukuklarynyň bozulan ýagdaýynda uruş aklanylýandyr. Onuň şertlerine laýyklykda, haçanda adalatlyk goralan ýagdaýynda, mysal üçin, adalatly öç almaklyk amala aşyrylanynda uruş adalatly hasaplanýar. Emma haçanda uruş ýöne öç almak ýa-da hökümdarlygy berkarar etmeklik üçin ulananynda, uruş üçin aklanma ýok diýip, Awgustin hasaplapdyr. Awgustiniň düzgünlerine laýyklykda, adalatly uruş birtarap döwletiň akylly-başly syýasatynyň soňky serişdesi bolup, diňe parahatlyga ýetmek maksady üçin alnyp barylmalydyr. Ol şuny göz öňünde tutupdyr, ýagny ahlak taýdan adam öldürmeklik — bu ýamanlyk we urşyň başlanmagy baradaky karary diňe geljekki adam durmuşynyň gyrylmagynyň öňüni almak üçin kabul etmeli.
Mundan başga-da, adalatly urşuň adalatlygyň hemmeler tarapynda kabul edilen ideallaryny bozan agressoryň jezalandyrylmagyny talap edýändigini Awgustin hasaplapdyr. On tabşyrykdan, aýratynam öz ýakynyňy söýmek baradaky parzdan ugur alyp, Awgustin garaşsyz döwletlerde öz raýatlaryny goramaga we agressiw, şonuň üçinem adalatly bolmadyk sütemi jezalandyrmaga ahlak borjy bar diýip tassyklapdyr. Galyberse-de, Awgustiniň düzgünlerindäki wajyp orun adalatly sebäp parahatlyk bilen tertip-düzgüniň dikeldilmegini talap edýär diýen pikir eýeleýändir.
Awgustiniň düşünjesindäki üçinji açary ýagdaý şundan durýandyr, ýagny diňe döwlet urşy başlamaklyga kanuny we bilimli syýasy hukuga eýe bolanynda, adalatly urşa rugsat berlip bilinýändir. Awgustiniň ölçeglerine laýyklykda, jus ad bellumyň çäginde şahsy adamlar tarapyndan urşy yglan etmeklik ýol berilýän zat däldir, bu diňe jemgyýetçilik tertibe jogap berýänler tarapyndan mümkindir. Awgustin syýasy hökümdarlyk Hudaý tarapyndan berilýär we bu adamzadyň günäsi sebäpli döredi diýip hasaplapdyr. Şeýle ýagdaýda kanuny syýasy häkimiýetiň roly adamlaryň durmuşlaryny saklamak üçin urşy alyp barmaklyga eltilýändir.
Ahyrsoňy, Awgustin özüniň beýannamalarynda oňat niýetleriň kynçylygyny ýeterli derejede doly açypdyr. Dogry niýetleriň kanuny maksatlara ölüm getiriji güýçleri ulanmaklykda gatnaşygy bardyr. Awgustiniň sözlerine görä, biz ýagşylyga ýetmeklige ymtylmalydyrys ýa-da ýamanlyga uruş arkaly garşy durmaklyk bilen ylalaşmaly bolýandyrys. Ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň yzyna çyn eýerijiler üçin hatda uruş hem parahatlykdan doludyr, çünki uruşlar açgözlük ýada gödeklik üçin däl-de, eýsem, parahatlygy saklamak islegi üçin, ýamanlyga garşy durup, ýagşylyga kömek etmek üçin alnyp barylýandyr». Düzgün bolşy ýaly, bu kanuny maksatlar öz-özüňi goramaklyga we bigünä adamlaryň janlaryny goramaklyga getirilendir. Awgustin üçin bu ölçegler urşy alyp barmagyň gödek serişdeleriniň ulanylmagyny gadagan edýär we duşmanyň üstünden gözegçilige eýe bolmak üçin güýji ulanmaklygy höküm edýär.
Adalatly uruş uruşdan öňkä seredende, parahatlygyň has berk şertleriniň gurnalmagyna mümkinçilik berýändir. Awgustin şeýle tassyklapdyr, ýagny parahatlygyň zelel ýetirmedik we täze uruşlaryň peýda bolmak mümkinçiligini peseldip bilýän ýagdaýynda parahatlygy agtarmaly. Awgustin biziň eramyzdan öň 410-njy ýylda Rimiň talanylyşynyň şaýady bolupdyr we bu talaňçylygyň netijesinde ol zorluga we gan döküşiklige gaty duýgur bolupdyr. Ýöne erbet, basybalyjylykly güýçler we adamyň ýagdaýynyň günäli tebigaty hakynda gürrüň etmek bilen, Awgustin şuny belläpdir: «Aýdyşlary boýunça, akylly adamlar adalatly uruşlary alyp barýarlar. Eger adam özüniň adamdygyny ýadynda saklasa, onda edil onuň adalatly urşuň gerekdigini aglamajakdygy ýaly. Eger ol uruşlar adalatly bolmasady, onda adam olary alyp barmajakdygy we asla ähli uruşlardan azat bolaýjakdygy ýaly. Çünki duşman tarapyndan akylly adamy adalatly urşy alyp barmaga mejbur etmeklik samsyklykdyr. Bu samsyk iş, eger ol urşa alyp barmasa-da, şonda-da adamlarda gaýgy döreder, çünki bu adamzadyň ýamanlygynyň aýan edilmegidir. Goý, bu beýik ýamanlyk, bu ähli elhençler we gödeklikler hakynda oýlanýanlar munuň betbagtçylykdygyny boýun alsyn. Eger kimdir biri olar hakda ýürek agyrysyz oýlanyp bilýän bolsa, onda bu ondan uly betbagtçylykdyr, çünki şeýle adam özüni bagtly hasaplaýandyr, çünki adamzat duýgularyny ýitirendir».
Şu bölekde Awgustin urşuň adamzadyň aňyny hiç haçan hem taşlamajakdygy we Hudaýyň öňden Görüjidigi baradaky tassyklama bilen bilelikde özüniň düzgünleriniň üçüsiniň arabaglanyşygyny görkezýär.
Biziň görşümiz ýaly, Awgustin zatlaryň tebigy tertibinden ugur alyp, parahatlygy saklamaklyk maksady bilen häkimiýetleriň urşy yglan edip bilmek hukuklarynyň bardygyny tassyklaýar. Keramatly Foma Akwinskiý hem tebigy tertipde urşuň aklanylmagyny görýär, emma ol köpräk halkyň hoşniýetliliginiň ýetilmegine bolan ymtylyşy belläp geçýär. Adalatly uruş teoriýasyny aklamak üçin Mukaddes Kitapdan hem peýdalanýarlar. Foma bir ýüzbaşy hakyndaky düşündirişi ýazýar, onda şeýle diýilýär: «Eger mesihi dini urşa gatnaşmaklygy çürt-kesik gadagan edýän bolsa, onda Injilde maslahat agtarýan adam ýaragy gapdala taşlap, goşun gullugynda harby borjuny ýerine ýetirmekden bütinleý boýun towlardy. <…> Ýöne Ýahýa suwa çümdüriji esgerleriň öz hyzmatlaryny taşlamaklaryny buýurman, olaryň öz haklaryndan razy bolmaklaryny buýurdy».
Jemgyýetdäki içki tertibi bozýanlary gylyç bilen jezalandyrmak hukugyny resul Pawlusyň häkimiýetlere berýändigini Foma Akwinskiý tassyklaýar. Şonuň üçin hem häkimiýetler watanyň daşky duşmanlaryna garşy hem ýaragy ulanmaklyga borçludyrlar. Birinji delilnama Hudaýyň diňe günäkärleri jezalandyrýandygyny tassyklaýar. Şonuň üçinem eger Rebbiň eline gylyç alanyň gylyçdan hem öljekdigi baradaky aýdan sözlerini esas hökmünde alsak, onda ähli uruşlar bikanun diýlip yglan edilmelidir. Foma Awgustiniň sözlerini aýdýar, ýagny Rebbiň gylyç almaklyk diýen sözlerinde ýaragy häkimiýetlerden rugsatsyz ulanmaklygy düşünmek gerekdir. Uruşda bolsa gylyç häkimiýetleriň rugsady bilen ele alynýandyr.
Ikinji delilnama ýamanlyga garşylyk görkezmeli däldigi baradaky Hudaýyň tabşyrygyna degişlidir. Bu babatda şeýle tabşyrygy ýatda saklap, ony iş ýüzünde ulanmagyň wajyplygy hakynda aýdýan Awgustiniň gözlerine salgylanýarlar. Beýleki tarapdan, Foma diýýär, käwagtlar umumy ýagşylyk ýa-da özüňiň söweşýänleriňiň ýagşylygy üçin başgaça hereket etmeklik gerekdir. Awgustiniň aýdanlaryny gaýtalap, Foma belläp geçýär, ýagny käwagtlar adamlara özleriniň günälerinden azat bolmaga kömek etmek maksady bilen olaryň erkine garşy oňat gödeklik bilen olary jezalandyrmaly.
Ahyrsoňy, üçünji delilnama teklip edilýär we onda günä ýagşylyga garşydaş edilýär. Parahatlygyň ýagşylyk, urşuň bolsa oňa garşydaş düşünje bolandygy sebäpli, uruş günä bolmalydyr. Muňa jogap edip Foma Awgustiniň pikirini gaýtalaýar we oňa laýyklykda uruş parahatlyk getirmelidir. Şonuň üçinem uruş ýamanlyk ýa-da günä däl.
Häzirki zaman awtory Mäliksadyk bilen Ybraýymyň duşuşygyny beýan edýän bölegi mysal getirýär. Ybraýym dört patyşalara garşy alyp baran urşundan ýeňiji bolup gelýär we ony Mäliksadyk garşy alyp, oňa pata berýär. Awtor bu wakany urşuň «tebigatyň kanunlaryna» nädip laýyk gelýändiginiň mysaly hökmünde ulanýar (Gelip çykyş 14:19–20-ä seret). Hudaý Köne Ähtde «ençeme gezek uruşmaga buýruk berdi ýa-da ony goldady, bu Çykyş kitabyndan we beýleki kitaplardan aýdyň». Täze Ähtde Reb Isa ýüzbaşyny öwdi (Matta 8:10-a seret). Rebbiň Özi ýamanlyk edýänleriň garşysyna fiziki güýji ulandy (Ýahýa 2:15). Kornelius ýüzbaşa wepaly, Hudaýdan gorkýan adam diýýärler (Resullaryň işleri 10:2-ä seret). Resul Pawlus Gideon, Barak we Şimşon ýaly esgerleri öwdi (Ýewreýler 11:32–34-e seret). Bu bölekleriň bary Hudaýyň urşa sabyrly gatnaşyk edýändiginiň subutnamasy hökmünde getirildi.
Tebigy kanunlar hakynda gürrüň edip, Foma aýratyn adamyň hukuklary barada bolşy ýaly, bütinleý döwletiň hukuklary hakynda-da oýlanýar. Adamyň özüni adalatsyz agressiýadan goramaga hukugynyň bolşy ýaly, döwlet hem hut şeýle hukuga eýedir. Adam adalatlygy agtaryp, zyýanyň öweziniň dolmagyny talap edip bilýändir, şonuň üçinem döwlet hem beýleki halky özüne ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyny mejbur etdirmek maksady bilen güýç ulanyp bilýändir. Ine, hemmesi bolmasa-da, adalatly urşuň peýdasyna bolan delilnamalar.
Adalatly urşuň garşysyna bolan esasy garşy çykmalar üç ýagdaýa getirilýändir.
Birinjiden, bu teoriýa ne mukaddes kitap, ne-de ylahyýet garaýyşlary boýunça esasy mesihi düzgünleri bilen laýyk gelýän däldir.
Ikinjiden, eger urşuň ahlak taýdan goldawy hakynda kanagatlanarly pikirlenişe ýetmäge ymtylýan bolsak, onda hökman göz öňünde tutmaly bolan häzirki zaman urşunyň ne anyk häsiýetnamasyny, ne-de umumy häsiýetini ýeterli derejede bu teoriýa hasaba alýan däldir.
Üçünjiden, bu teoriýada anyk bolmadyk we düýbünden bir-birine garşy bolan ýagdaýlar gaty kändir, şonuň üçinem onuň iş ýüzünde ulanylmagynyň islenilen netijä getirip bilmeýändigi geň zat däl.
Urşa garşy çykyş edýänler özleriniň delilnamalaryny aýratynam Täze Ähti kän ulanyp, Mukaddes Kitap taglymatynda gurýarlar. Olaryň esasy delilnamasy Isanyň ýamanlyga garşy çykmazlyk düzgünlerine laýyklykda ýaşap, bu düzgünleri beýlekilere-de öwredendiginde jemlenendir. Resul Pawlus we irki Ýygnak hem bu däbi dowam etdirdiler. Konstantin döwründe mesihi garaýyşlary paş edilip, Ýygnagyň döwlet bilen birdigi tassyklanylypdy. Ýöne muňa garamazdan, Ýygnagyň giçki taryhynda pasifistleriň işjeňliginiň mysalyny görmek mümkin (pasifistler — bu ähli uruşlaryň, şol sanda adalatly uruşlaryň garşysyna çykyş edýänler). Başga bir garaýyş, anyk aýtsak, Tomas Mor tarapyndan aýdylan garaýyş şunda jemlenendir, ýagny adalatly uruş diňe teoriýada mümkin, emma hakyky durmuşda, iş ýüzünde mümkin däl. Köpler adalatly uruş teoriýasy häzirki zaman şertlerinde ulanarly däl diýip hasaplaýarlar.
Biz adalatly uruş teoriýasynyň ösüşine ony goldaýan we oňa garşy çykýan delilnamalaryň käbirleri bilen umumy ýagdaýda göz öňüne getirmäge synanyşdyk. Görşümiz ýaly, Awgustin bu teoriýanyň esasyny tutujydyr. Foma Akwinskiý we beýleki orta asyr awtorlary hem urşuň bu görnüşini aklamaklyga gatnaşdylar. Hut şu döwürlerde ygtyýarlygy dogry ulanmaklak, adalatly sebäpler we urşy yglan etmegiň niýetleri ýaly düşünjeler özleriniň ösüşine eýe boldular. Fransiski Suares we Wiktoriýa XVI we XVII asyrlarda adalatly uruş teoriýasyny doly işläp düzdüler. Olar agressiw bilen goranyjyly uruşlaryň arasynda tapawut goýdular. Şeýle-de, olar bu teoriýa ýene iki şert goşdular: uruş iň soňky serişde bolmaly we uruşda ony alyp barmagyň dogry usullary ulanylmalydyr. Hut şondan başlap özüniň köpçülikleýin ýok etmegiň howpy bilen häzirki zaman döwrüne geçiş başlapdy. Raýatlyk ilatynyň el degrilmesizligi düzgüni häzirki zaman şertlerindäki adalatly uruş teoriýasyna goşulan örän wajyp goşantdyr. Bu teoriýanyň häzirki zaman şertleri üçin ulanylarlymy ýa-da ýokdugy hakynda şu wagta çenli-de jedeller alnyp barylýar.
Urşy aklamak soragy boýunça dürli-dürli pikirler aýdylýar. Uruşlaryň Hudaýyň erkine garşy çykmaýandygyny tassyklamak maksady bilen hem Täze Ähtiň, hem-de Köne Ähtiň bölekleri ulanylýar. Şu soragdaky iň wajyp delilnama — bu tebigy tertibi we öz halkynyň parahatlygyny goramaga çagyrylan döwletiň aýratyn ygtyýarydyr. Bu düzgünleriň peýdasyna bolan ýene bir delilnama edil aýratyn adamlaryň hukuklarynyň garaýyşlaryndan bolşy ýaly, bütin döwletiň hem garaýyşlary tarapyndan pikirlenmäge çagyrýandyr. Ahyrsoňy, bu garaýyşlaryň tarapdarlary taryha, taglymata we Ýygnagyň tejribesine daýanýarlar. Emma bularyň barynyň arkasynda Isanyň duşmanlaryňy söýmegi tabşyrýandygyny ýatdan çykarmagyň geregi ýokdur. Siz öz duşmanlaryňyzy söýüp, şol bir wagtyň özünde olara garşy uruş alyp baryp bilersiňizmi?
7-nji goşmaça
MAÝKL BURDO. SOWET DÖWRÜNIŇ SAPAKLARY
Mesihi imany görgüleriň içinde doguldy. Isa haçda öldi we Onuň ölümi imanyň nyşany boldy. Muny mesihiligiň ilkinji üç asyrynyň içinde (tä Rim imperisýasy Konstantiniň iman edeninden soň mesihi bolmanka) mesihi taglymatynyň tarapdarlaryny ulgamlaýym yzarlan rim häkimiýetleri oňat bilýärdiler.
Sowet Soýuzy döwründäki yzarlanylmalar Rim imperiýasynyň yzarlamalaryndan biraz tapawutlanýardy.
Kremliň hojaýynlary mesihi imanynyň Sowet Soýuzyndaky bar bolmagynyň her bir alamatyny köki bilen goparmaklygy çözüpdiler. Bir wagt (1930-njy ýyllarda) ýurtdaky ähli ýygnaklar ýapykdy, ýygnak binalary bolsa ýumrulypdy, ýa-da, köplenç bolşy ýaly, laýyk gelmeýän maksatlar üçin — oba hojalyk ammarlary, klublar, kinoteatrlar we hatda hajathanalar üçin ulanmaklyga berlipdi. Ahyrsoňy, haçanda ýygnak binalaryny imanlylara dolandyryp beren wagtlarynda, binalar şeýle bir erbet ýagdaýdadylar welin, hatda olary täzeden dikeltmek hem mümkin däldi.
Sowet Soýuzynyň territoriýasy Rim imperiýasynyň territoriýasyndan ep-esli uludy. Haçanda Ikinji jahan urşunyň ahyryna ýakynlap, Sowet goşuny Gündogar we Merkezi Ýewropada kommunistik režimi berkarar edeninde, ilkinji nobatda ol ýerde ýygnaklar basyş astyna düşdi.
Adamzadyň taryhynda hiç haçan hem dini köki bilen goparyp, özeni öz ykbalyny özi çözýän adam bolan ulgamy döretmeklik synanyşygy bolmady. Eger-de Neron döwründäki yzarlaýjylar özleriniň hereketlerini filosofiki taýdan aklamaga synanyşsadylar, onda olar mesihiligiň imperatoryň garşydaşy bolup, imperiýanyň raýatlaryny gadymy hudaýlara bolan imandan daşlaşdyrýandygyny düşündirerdiler.
Gadymy döwürde yzarlamalar kän bir tertipli däldi, ýöne sowet häkimiýeti döwründe olar oňat oýlanylan we «yzygiderlidi». Mysal üçin, şübhe astyndaky adamlar üçin diňleýji gurallary ulanýardylar, olaryň telefonlaryny diňleýärdiler. Çap ediji maşynlaryny hasaba alýardylar we şeýdip, gadagan edilen materiallary, şol sanda dini manyly materiallary çap etmeklikde günäkärleri anyklaýardylar.
Käwagtlar yzarlanylmalar gaty peýdaly (häkimiýetler üçin) ýagdaýda gizlenilýärdi. Yzarlanylýan ýygnagyň ýolbaşçylaryny imandan dänmeklikde günäkärleýärdiler. «Bular jemgyýetiň tentekleri we antisowet elementleri... Olar ejir çekýänler däl-de, jenaýatçylar, çünki bilegörä kanuny bozýarlar» — ine, şeýle günäkärlemeler, mysal üçin, ekimenistleriň salgysyna aýdylýardy we SSRS-a daşary ýurtdan gelýän ýygnak delegasiýalarynyň agzalaryna ýetirilýärdi. Edil olarda hakykatyň dänejigi bolany ýaly edip, bu günäkärlemeler samsyklyk bilen gaty kän gaýtalanylýardy.
Günbatardaky mesihiler haçan-da bolsa kommunizm ateizmden azat bolup, şeýlelik bilen adalatly jemgyýet gurmaga mümkinçilik berer diýip, adatça geljegi kämilleşdirýärdiler. Olar hiç Leniniň öz syýasatynyň merkezinde diňe bir ateizmi goýman, eýsem, höküm sürüp başlamagynyň başyndan başlap mesihileri gazaply yzarlamaga-da başlandygyna hiç haçan hem üns bermediler.
Ýokarda ähli aýdylanlardan täsin netije çykaryp bolýandyr. Sowet häkimiýeti döwründäki mesihileri yzarlama Rim imperiýasy döwründäki yzarlamalardan ep-esli tapawutlanýardy. Olar has ulgamlaýyndy, has hilegärlidi, has uly territoriýany öz içine alýardy. Emma mesihiligi ýok etmeklik synanyşygy bu ýagdaýda-da edil Rim imperiýasy döwründäki ýaly puja çykdy. Eger-de şahyr rimliniň ýeňlişini beýan edip: «Sen ýeňdiň, eý ýüzi öliň ýüzi ýaly bolan jelileli» diýen bolsa, onda sowet ateizminiň çykgynsyz ýagdaýdaky derbi-dagyn bolşuny beýan etmek üçin has-da güýçli deňeşdirme gerek bolardy. Bu XX asyryň mesihiliginiň taryhyny ep-esli baýlaşdyryp biljek tükeniksiz temadyr.
Adamzat taryhynyň bu döwründen nähili sapaklaryň alnyp bilinjekdigi aýdyňdyr diýip pikirlenýärin. Biz Homo sovietisus diýlip atlandyrylýan dargap barýan sowet adamynyň keşbindäki görnüşde nädip jemgyýeti gurmaly däldiginiň oňat mysalyny aldyk. Bu jandaryň öz ykbalyna gözekçilik etmek synanyşygy — heläkçilige bolan iň gysga ýoldur, onuň dargadyjy netijeleri bolsa entek uzak on ýyllyklaryň, belki-de, ýüz ýyllyklaryň içinde öz täsirini gowşatmaz. Neneň kämil bolmandygyna seretmezden, Russiýada bar bolan dini durmuş ruhy manyda entegem özüniň ornuny eýeleýäni tapmady. Netijede bilimdäki we medeniýetdäki boşluk hiç zat bilen doldurylmady we adamzat keşbindäkiler diňe bir köksüz däl, eýsem, ýüreksiz hem ösdüler.
Täze adamy döretmegiň sowet tejribesi ýeňilmeklik bilen gutardy. Emma bu ýeňilmeden gymmat sapagy almak mümkin. Adamzat Hudaýsyz ýaşap bilýän däldir. Synanyşygyň bahasy dargadyjy boldy, emma hiç bolmanda bu ähli döwürler üçin sapakdyr: Hudaýyň ähli adamzat işleriniň merkezinde goýuň.
8-nji goşmaça
«AÇYK GAPYLAR» GURAMASYNYŇ KOMMUNIZMIŇ SYNMAGYNYŇ TARYHYNDAN ALAN SAPAKLARY
Kommunizmiň Gündogar Ýewropada we öňki Sowet Soýuzynda synan döwründen başlap, «Açyk gapylar» guramasynyň işgärleri köplenç özlerine bu ýurtlaryň Ýygnak bilen baglanyşykly gaýgyly taryhlaryndan nähili sapaklary alyp bolar diýen soragy berýärler. Hytaýyň, Wýetnamyň we Kubanyň ýygnak ýolbaşçylary-da bu sorag bilen çuň gyzyklanandyrlar, haçanda azatlyk gelende, Ýygnak bilen näme bolýandygyny olar bilmek isleýärler.
1-nji sapak. Azatlyk ýurduň bütin territoriýasynda dessine gurnalýan däldir
Kommunizmiň ýykylmagy we serhetleriň açylmaklygy öňki ähli çäklendirilmeleriň we yzarlanylmalaryň dessine bes ediljekdigini aňladýan däldir. Kommunistik režimiň ähli ýerde özüni bütinleý iýenine çenli ençeme aýlar we hatda ýyllar gerek bolýandyr. Paýtagtdaky häkimiýet täze syýasata tarap ugur alyp biler, emma welaýatlardaky häkimiýetler ýene biraz wagtlap köne syýasaty berk saklarlar.
2-nji sapak. Azatlyk köplenç ahlak gytçylygyna getirýär
Haçanda döwlet serhetleri açylanda, ýurda bihaýalyklyk edebiýatlary çap edip, olary satyjylar, neşe bilen söwda edýänler, dürli talaňçylyk bilen meşgullanýanlar, sektantlar ýaly dürli-dürli adamlar gelip bilýändirler.
Gündogar Ýewropanyň dükanlarynda entek mesihi kitaplary peýda bolup ýetişmänkä, olar «Pleýboý» žurnaly we beýleki bihaýalykly edebiýatlardan doldy duruberdi. Jelepçilik aç-açanlyk bilen ýol aldy. 1993-nji ýylda Sankt-Peterburgda (öňki Leningrad) geçirilen barlaglar orta we uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň jelepçiligiň hünär hökmünde Russiýada abraýy boýunça ikinji orny eýeleýändigini hasaplaýandyklaryny gözkezdi.
Duýdansyzlykda azatlygy alan mesihiler köplenç özlerini synaglara salýan täze düşünjeler we zatlar bilen duş bolýarlar. Olaryň köplerini günbatar merkantilizmi hem synaga salyp bilýändir. Öňki yzarlanylýan Ýygnagyň ýolbaşçylary Günbatar bilen göni gatnaşyklara girýärler, olar üçin öz ýurtlarynda gymmat baha eýe bolan zatlara eýe bolarlary ýaly ýollar açylýar. Uly isleg bilen diňe bir Mukaddes Kitap we mesihi edebiýaty däl-de, eýsem, kompýuterler we awtomaşynlar hem peýdalanylýar. Netijede ençeme ýygnak ýolbaşçylary baý bolmak synagynyň alnynda durup bilmediler.
3-nji sapak. Ýalan taglymatlar akyllary çaşyrýar
Doly dini azatlyk hem adamlaryň aňlarynda howsalany we bulam-bujarlygy döredýändir. Bu bolsa şeýtanyň adamlary Mesihden daşlaşdyrmagyna rugsat berýändir.
Demir perde synanyndan soň Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryny Hare Krişna, Iýegowanyň şaýatlary we şulara meňzeş dürli ýalan taglymatlaryň ilçileri aklyňy geň galdyryjy tizlik bilen doldurdy. Berlin diwarynyň ýykylanyndan ýetmiş iki sagatdan soň Iýegowanyň şaýatlary Gündogar Berliniň ýaşaýjylaryny öz imanlaryna getirmek üçin ilkinji hüjümi etdiler.
Şol bir wagtda Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryndaky sany boýunça köpçülik bolan däbi dinleriň tarapdalary özleriniň ýitiren täsirlerini dikeltmäge girişdiler. Tiranadan Daşkente musulman ilçileri geldiler we nebit dollarlaryna täze metjitleri gurup başladylar, ymamlary taýýarlap başladylar we Muhammet pygamber diýip yglan edip başladylar. Saud Arabystany, Eýran we Türkiýe Gündogar Ýewropa ýurtlaryna yslamy getiriji ýurtlary esasy boldular. Saud Arabystany sowet Orta Aziýanyň ýaşaýjylaryna Gurhanyň millionlarça nusgalaryny sowgat etdi. Dünýäniň bu böleginde her hepdede täze metjit gurulýar.
4-nji sapak. Günbatar wagyzçylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bolmazlygy ýygnaklaryň bölünişmegine getirýär
Birden Russiýa her bir wagyzçy diýen ýaly gitmek isledi, «çünki Hudaý bizi çagyrýar». Elbetde, täze hoş habarçylyk işi köpleri özüne çekýär we öň Hoş Habar bilen tanyş bolmadyklar üçin hyzmat etmegiň täsin mümkinçiliginiň indi bardygyny hasaba almak gerekdir. Ýöne şonda-da käbir «hoş habarçylaryň» niýetleri hakynda erksiz oýa batýarsyň. Öňki SSRS-daky ýygnaklaryň garyp ýagdaýlary ençeme günbatar ýygnaklary üçin uly pul ýygymlary üçin sebäp boldy. Käwagtlar Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan bolan mesihiler Günbatarda ýaşaýan öz imanlary boýunça doganlary bilen maslahatlaşmazdan, Günbatardaky umytsyz adamlar bilen gatnaşyk edip başladylar.
Günbatar dünýäsindäki aýry-aýry bolan protestant, aýratynam neoprotestant ýygnaklarynyň arasynda köplenç Hoş Habary ýaýratmaklyk işinde bilelikde işleşmek islegi ýokdur. Gynansak-da, käbir injili toparlar, aýratynam günbatar pentikostlar, azatlyga eýe bolan ýurtlara ruhlandyrma we sagdyn taglymaty eltmegiň deregine, ol ýerde bulam-bujarlygy we aýry-aýralygy döretdiler.
1990-njy ýylyň ahyrynda Rumyniýada Günbatardan bolan üç ýüze golaý dürli-dürli toparlar hereket edýärdi. Olaryň aglabasy bu ýurtda işlemegiň hiç hili tejribesine eýe däldiler we hatda Rumyniýada köpden bäri işleýän guramalara maslahat üçin ýüzlenip hem durmadylar. Rumyniýanyň ýygnak çopanlarynyň käbirleri arz edip, öz ýygnaklaryndaky sekiz dynç günleriniň ýedisiniň günbatar «wagyzçylar» tarapyndan «eýelenendigini», ýagny olaryň hatda ýygnak münberinden wagyz etmäge rugsat almak isleýändiklerini aýtdy.
Bolgariýada bireýýäm bölünişen protestant hereketinde ýygnaklaryň arasynda bölünişik has-da güýjedi. Baýamaklyk baradaky taglymat imanlylara we ýygnaklara dargadyjy we bölünik getiriji halda täsir etdi. Estoniýada hem edil şeýle boldy.
Dürli mesihi ugurlary hakynda sadaja düşünjelere-de eýe bolman, günbatar neoprotestantlary prawoslaw dinini inkär etdiler we onuň tarapdarlarynyň üstlerinden güldüler. Netijede ýerli protestant ýygnaklary şeýle akylsyz gatnaşygyň yzalaryndan ejir çekýärler. Şeýle ýagdaý Sibirde we Bolgariýada döredi.
Käbir (eger köp bolaýmasa) günbatar mesihi guramalary Gündogardaky ýygnaklarda berk ornaşmak maksatlary bilen puly, syýahat etmeklik we bilim almak mümkinçiligini ulanýarlar. Pullary, syýahat etmäge we oňat dini bilim almak mümkinçilikleri bolmadyk ýewropaly mesihiler indi dünýäni görmek, günbatar kollejinde okamak maksatlaryna ýetmekleri üçin islendik mümkinçiligi ulanýarlar we hatda köplenç ol ýerde özlerine teklip edilýän taglymat hakynda pikir hem etmeýärler. Indi Rumyniýaly käbir ýygnak çopanlary öz watanlarynda bolanyndan, ABŞ-da kän wagtlaryny geçirýärler.
Günbatar mesihilerine dessine wagyz etmeklik hukugy berilmeli däl. Ilki bilen ýa-da ýerli ýygnak çopanynyň özi, ýa-da, eger şeýle mümkinçilik bar bolsa, ýygnagyň agzalarynyň bir topary gelen myhmany öwrenmelidirler. Haçanda ýygnaga ýerli mesihileriň tanamadyk myhmanlary gelenlerinde, Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygyny agtarmaly.
Köp ýurtlarda döredilen habarlar bilen çalyşmaklyk we günbatar wagyzçylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Maslahat guramalary gaty peýdaly boldy. Bu aýratynam Albaniýa bilen bolan wakada dogrudyr. Rumyniýada we Bolgariýada bu guramalaryň işi kän bir peýdaly bolmady. Munuň sebäbi ýurda çagyrylmadyk ýa-da olar bilen hyzmatdaşlyk etmek islenilmedik guramalaryň wekilleriniň gelmekleriniň dowam etmegindedir.
5-nji sapak. Ýygnak ýolbaşçylygynyň gytçyly bolup geçýär
Mesihiligiň ençeme ugurlarynda ýygnak ýolbaşçylygynyň çynlakaý gytçylygy bolup geçdi. Köplenç bellenilen we ýörite gulluklar tarapyndan gözegçilik edilýän öňki ýygnak ýolbaşçylary täze nesliň imanlylaryndan öz orunlaryny tutýan ýolbaşçylary almadylar.
Öňki Sowet Soýuzy ýurtlarynda prawoslaw we baptist ýygnaklarynda ýolbaşçylyk wezipelerini entek milli hopwsuzlyk komiteti tarapyndan bellenilen garry ýolbaşçylar eýeleýärler. Rumyniýada we Bolgariýada hem edil şeýle ýagdaý bolup geçýär. Bu ýurtlaryň ýygnaklarynyň köpüsinde ruhy ösüş ýok we tä köne ýolbaşçylaryň ornuny täze ýygnak ýolbaşçylary eýeleýänçäler, bu ösüş bolmazlygy mümkin.
6-njy sapak. Mesihiler syýasy täsire eýe däldirler
Belki-de, öňki syýasy güýçler bilen hyzmatdaşlyk etmekligiň şowuna düşmedik tejribesi, özlerini ryswa eden mesihi ýolbaşçylary we ýygnagyň döwletde güýç bilen aýrylmagy sebäpli mesihiler öz ýurtlaryna täsir edip bilerleri ýaly, mesihi demokratik partiýalaryny döretmediler. Bu mümkinçilik Gündogar Ýewropa we öňki Sowet Soýuzynyň ähli ýurtlarynda diýen ýaly elden sypdyrylypdy. Azatlygyň alnan döwründen bäri köp döwletlerde täze Konstitusiýalar kabul edildi. Mesihiler bu wakada gizlenen ullakan mümkinçilikleri ellerinden sypdyrdylar.
Munda prawoslaw imanlylary uly roly oýnan bolsalar gerek, çünki imanlylar şol ýa-da beýleki derejede şol wagtdaky häkimiýeti kabul etmäge öwrenişipdiler, netijede bolsa hereketjeňligiň ýoklugyna we ýygnagyň hereketleriniň demokratik düzgünlere laýyk gelmeýändigine syn etse bolar.
Russiýada prawoslaw ruhanysy we öňki tussagçy Gleb Ýakunin şu gün Parlamentiň agzasydyr. Rumyniýada baptist çopany Pýotr Dugulesku hem edil şeýle wezipäni eýeleýär.
Musulmanlar bolsa has-da ýeňillik bilen syýasata girişýärler.
Öňki Sowet Soýuzynyň Orta Aziýa respublikalarynyň käbirlerinde olar ilkinji bolup yslam syýasy partiýalary we toparlary döretdiler.
7-nji sapak. Kommunizmiň synmagy dini azatlygyň ornaşmagyna kepillendirmeýändir
Häkimiýetiň düzümindäki üýtgemeler durnuklylyga getirmeýär. Olar hiç haçan hem dini azatlygy kepillendirmeýändir.
Biziň işleýän ýurtlarymyzda howpuň iki tarapdan gelýändigini görüp bolýandyr: bu yslam fundamentalizmi we däp bolan ýygnaklar, mysal üçin prawoslaw ýygnagy tarapyndan tekepbirlik. Özbegistanda yslamyň täsiri hoş habarçylyk işini we çagalaryň arasyndaky mesihi işini gadagan edýän kanunlaryň girizilmegine getirdi. Uly bolmadyk göwrümde Russiýada, Ukrainada, Rumyniýada we Bolgariýada protestant we katolik ýygnaklary bireýýäm prawoslaw häkimiýetleriniň eden-etdiliklerine gabat geldiler.
8-nji sapak. Ýerli mesihi guramalarynyň döremegi we Hoş Habary wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleriň peýda bolmagy
Öňki ýapyk ýurtlarda we dini azatlyklaryň çäklendirilen döwletleriň köpüsinde ýerli mesihi guramalarynyň döremekligi soňky ýyllaryň içindäki iň oňat ýagdaýlaryň birini göz öňünde tutýandyr. Indi, haçanda döwlet mundan beýläk Ýygnagyň işine böwet basmanynda, imanlylar heläk bolup barýan dünýä hoş habary wagyz etmek mümkinçiliklerinden peýdalandylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky dini azatlyklar çägindäki hünärmen bolan Anita Deýneka şu wagtyň içinde müňden hem artyk ýerli mesihi guramalarynyň peýda bolandygyny tassyklaýar. «Açyk gapylar» guramasy bu guramalaryň käbirleriniň öňler hiç haçan hem Hoş Habar hakynda eşitmedik adamlar bilen iş salyşýandyklary hakyndaky maglumaty aldy. «Açyk gapylar» guramasynyň çägindäki öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlaryny çagalar üçin Mukaddes Kitabyň nusgalarynyň milliony bilen üpjün etmek bilen iş salyşýan «Samuel» atly taslamasy Russiýada, Sibirde we Ukrainada esaslandyrylan ýerli mesihi guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Şu gün bize ruslar, beloruslar we ukrainler öz ýurtlarynyň ilatyna Hoş Habary Günbatarly myhmanlardan hem peýdaly ýagdaýda wagyz edýändikleri ýaly bolup görünýär. Galyberse-de, olarda dil kynçylyklary ýokdur we olaryň işleri uly bolmadyk pul girdejisini talap edýändir.
Ýygnaklary öz hoş habarlyk işlerini başlamaklaryna çagyryp bolýandyr. Biz ýerli mesihi guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurnap, olara edebiýat bilen, çap ediji gurnawlar bilen we beýleki materiallar bilen goldaw bermelidiris.
Mesihileriň şeýle uzak wagtlap arzuw eden azatlygy Ýygnakda bar bolan ähli kynçylyklarynyň dessine çözülmegini getirýän däldir. Çaltlyk bilen çözülmegi talap edýän täze-täze soraglar ýüze çykýar. Umuman güýçli, sagdyn we ösýän Ýygnak üçin azatlyk — bu esasy zat däldir. Bu günbatardaky ýygnaklaryň düşen ýagdaýlaryndan aýdyň. Ençeme azat ýurtlarda mesihileriň sany kemelýär, şol bir wagtyň özünde bolsa, repressiw režimli ýurtlarda imanlylaryň agyr ýagdaýlary köplenç Ýygnagyň ösmegine getirýär. Hytaý — munuň aýdyň mysalydyr.
Albaniýadan başga ähli Gündogar Ýewropa ýurtlarynda on ýyllyklaryň içinde güýçli hoş habar ýygnagynyň hereket edendigi sebäpli, biz «Açyk gapylar» guramasynda özümiziň hoş habar taglymatymyzy bir wagtky bu ýapyk ýurtlara eltmegimiz wajyp diýip hasaplamaýarys. Bu ýurtlardaky ýygnak ýolbaşçylaryň täze nesline mätäçdir. Bu ýolbaşçylary olaryň öz ýurtlarynda terbiýelemeklik wajypdyr.
Günbatarly mesihileriň Gündogar Ýewropa gelenlerinde, olaryň işe dogry bolan gatnaşyklary bilen gelmekleri gaty wajypdyr. Nädip ýaşap, nädip işlemelidigini öwretmek üçin biziň ol ýurtlara barmagymyzyň geregi ýokdur, munuň deregine biz bireýýäm bar bolan ýygnaklara hyzmat etmek taýýarlygymyzy teklip etmelidiris. Mümkin bolan ýerde ýerli ýygnaklara wagyz etmäge kömek edip, olar bilen hyzmatdaşlyk etmelidiris.
Isa biziň esasymyzdyr, Ol Ýygnagyň gurlan «Gaýasydyr». Biziň ruhy hal-ýagdaýymyz haýsy ýurtda — azat ýa-da ýapyk ýurtda ýaşaýandygymyza bagly däldir. Geliň, ünsümizi özümizi gurşap alan ýagdaýlarda jemlemän, «gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysyna, Kämilleşdirijisine» dikeliň.
TUPANA DÖZ GELMEK
Iş depderi
Giriş
Süleýmanyň pähimleri 10:25
1. Süleýmanyň pähimleri 10:25-i öz sözleriňiz bilen gürrüň beriň we öz pikiriňizi ýazyň.
2. Näme üçin käbir mesihiler özleriniň aladasyz durmuş bilen ýaşamalydyklaryna ynanýarlar?
3. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 16:33-i okaň: «Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin». Siz bu aýatdakylaryň manysyna nähili düşünýärsiňiz?
Efesliler 6:13-i okaň: «Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň» (Efesliler 6:13, özümiz çyzdyk. — P. E., J. K.).
Şeýle-de, Isanyň beýleki sözleri-de biziň ýadymyzda: «Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin. Ýagyş ýagyp siller geldi, yeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy» diýip, beýleki aýdan sözleri hem biziň ýadymyzdadyr (Matta 7:24–25).
4. Islendik ýagdaýlarda mesihileriň berk durup bilmekliginiň syry nämede jemlenen?
5. Öz durmuşyňyzda başyňyzdan geçiren «tupanlaryňyz» hakynda gürrüň beriň.
Gomly ýelleriň biziň ýüzümize urmajakdygyna Isa söz berenok, ýöne Ol berk esasda gurlan öýüň islendik goma hem döz gelip bilýändigine bizi ynandyrdy. Şu ýerdäki berk esas biziň Isanyň sözlerini diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, eýsem, şol sözlere gulak hem asmalydygymyzy aňladýar. Hudaýyň Sözüne şunuň ýaly derejede boýun bolmaklyk, hatda iň zalym yzarlama-da biziň döz gelip biljekdigimize güwä geçýär. Biziň kursumyzyň maksady, islendik ýagdaýlarda-da özümize kömek edip biläýjek diýseň wajyp bolan Mukaddes Kitap hakykatlaryny tapmakdyr.
6. Yzarlanylma synaglaryna düşülen ýagdaýlarynda iň oňat özleşdirilýän sapaklaryň bäşisini beýan ediň.
1)
2)
3)
4)
5)
Hudaýyň özümize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär. Çünki Mesihiň görgüleriniň bizde artyşy ýaly, biziň tesellimiz hem Mesih arkaly artýar (2 Korintoslylar 1:4–5).
7. Nädip «Mesihiň görgüleriniň bizde artýandygyny» düşündiriň.
Biziň gollanmamyzyň her bir sapagy «yzarlanylýan» diýip atlandyrýan Ýygnagymyzyň mesihileriniň janly şaýatlygy bolup durýandyr. Olar öz tejribelerini azat dünýädäki, biziň pikirimizçe, dura-bara azatlygyny ýitirip barýan dünýädäki doganlary bilen paýlaşýarlar. Olaryň şaýatlyklarynyň içinde hemme mesihiler üçin ruhy taýdan täzelenmäniň tohumy gizlenip ýatandyr diýip hasaplaýarys.
Hudaýyň ýeke-täk maksady yzarlaýandygy hakynda Mukaddes Kitap öwredýär: Ol bizi Öz Oglunyň keşbine özgertmäge ymtylýar.
8. «Hudaýyň Oglunyň keşbi» — bu näme diýmek (Markus 10:45-e seret)?
Mesihiligiň meşhur nyşanlary haç, balyk we Mukaddes Ruhy alamatlandyrýan kepderi bolup durýandyr. Megerem, az meşhur bolan, özem bize gaty bir ýerlikli bolup görünmeýän nyşan süpürgiç, ýagny Isanyň kiçigöwünlik bilen hyzmat edip, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwandan soň süpüren süpürgiji bolsa gerek.
9. Hyzmatkär esgeriň nähili oňat häsiýetlerini siz sanap bilersiňiz?
Iman bizi ejirlerden azat etmeýär, ýöne ol ezýetleriň içinde ýeňmeklige güýç berýär.
10. Imanyň nämedigini siz ýaňy iman eden adama nädip düşündirersiňiz?
1980-nji ýyllarda «Açyk gapylar» guramasynyň bir işgäri Wýetnamdaky bir ruhy çopanyň ýanyna barypdyr. Ol ruhy çopan çalt depginde ösýän öý ýygnanyşygynyň baştutany bolupdyr. «Açyk gapylar» guramasynyň işgäri bu ruhy çopana ýerli häkimýetiň özüni türmä basjakdygyny aýdyp haýbat atýandygyny bilýän eken. Ruhy çopan biziň işgärimize: «Iru-giç şonuň ýaly boljagyny men bilýärin. Özümiň türmä basylaýmagymyň mümkindigini aýdyp, men öz adamlarymy muňa taýýarladym. Özümem muňa taýýar» diýip gürrüň berýär.
11. Nädip wýetnamly ýygnak çopanynyň jogaby onuň taýýarlygynyň üç nukdaýnazaryny görkezýär:
• intellektual
• praktiki
• ruhy
1-NJI BÖLÜM
Haç
1-nji bap
BIZIŇ ÝEKE-TÄK HALASGÄRIMIZ
Ýewreýler 13:8
Nasyraly Isany ýeke-täk şahsyýet edýän Onuň üç häsiýetini sanap geçiň:
1)__________________________________________
2) __________________________________________
3) __________________________________________
Isa Patyşa bolsa-da, doly ygtyýara eýe bolup, doly hukukly bolsa-da, bu dünýä Özüne hyzmat edilmegi üçin gelmändigini Özi aýtdy. Tersine, ol gul bolmak üçin geldi. (Fil.2:7 seret).
Işaýa pygamberiň kitaby 52:13–53:12-den Nasyraly Isanyň gul häsiýetini tassyklaýan bäş parçany sanap geçiň.
1) _________________________________________
2) __________________________________________
3) __________________________________________
4) __________________________________________
5) __________________________________________
Işaýanyň pygamberliginden alnan aýdym gönüden-göni ejir çekýän hyzmatkäri, ýagny Isany göz öňünde tutýan bolsa-da, bu parçadan Hudaýyň islegine boýun bolma, ýagny islendik ýagdaýda-da öz haçyňy almaklygyň Isanyň şägirtleriniň ulanýan täri bolup durýandygy görnüp dur.
Tekstde haça çüýlenmäniň üç görnüşi hakynda gürrüň edilýär. Olaryň her birini düşündiriň:
1. Ylham 17:14; 19:7–10; 5:6;
2. Galatýalylar 2:19–20;
3. Galatýalylar 6:14.
1-nji düzgün: Ejir çekme — Hoş Habaryň merkezi temasydyr. Haça çüýlenmesiz ölümden direlme hem bolup bilmez.
2-nji düzgün: Reb ölümden direlmäni biz bilen siziň üçin hem elýeter etdi. Ýöne ölümden direlme diňe haçdan soň gelýär.
Filipililer 3:10–11-de şeýle diýlen: «Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek, garaz, ölümden direlişine ýetmek isleýärin». Şu aýatda aýdylanlaryň manysyny ýaňy iman eden mesihä düşündiriň.
___________________________________________
«Mesih direlmedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz» (1 Korintoslylar 15:17).
Eger Isa ölülerden direlmedik bolsa, onda näme üçin biziň imanymyz puçdur?
__________________________________________
__________________________________________
«Işaýa pygamberiň kitabynyň 53-nji babyndaky ejir çekýän guluň obrazynyň doly manysyna diňe Isanyň haça çüýlenmesine akyl ýetirenden soň düşünmek mümkindir. Bu edil 54-nji bapdaky hasyly ýygnama möwsüminiň manysyna Pentikost gününde Ýygnagyň döreýşine düşünenden soň akyl ýetirilişine meňzeşdir. Şatlyk duýgusy bilen birmeňzeş bolan ruhy hasyl — bu Hoş Habar wadasydyr. Şol wada laýyklykda Hoş Habaryň wagyz edilmegi arkaly Mesihiň bütindünýä Ýygnagy ýygnalar» (Patrik Jonston).
«Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi» (Matta 28:18–20). Bu sözleriň siz üçin näme manysy bar?
__________________________________________
__________________________________________
Andreý dogan şeýle diýýär: «Özüniň hemme ýerde ygtyýarynyň bardygyny aýtmak bilen Isa biziň üçin uruş meýdanyny kesgitledi hem-de ruhy gapma- garşylykdaky maksadymyzy takyklady. Ol Öz şägirtlerini şeýtanyň her hili — medeni, dil, hatda döwlet dogrusyndaky päsgelçilikleri ulanyp, günäniň kömegi bilen ýesirlikde saklap oturan adamlarynyň berilmegini talap etmek üçin duşmanyň territoriýasyna iberdi».
Hindi hoş habarçysy bolan Sadhu Sundar Singh öz gündeligine: «Mesih ugrunda ölmeklik aňsat, ýöne Onuň üçin ýaşamak kyn. Ölüm jebirleri bir ýa-da iki sagada çekip biler, emma Mesih üçin ýaşamaklyk welin, her gün ölmekdir» diýip ýazypdyr.
Demirgazyk Amerikanyň imanlylary Rimlilere hatyň 8:28-ini gaýtalamagy halaýarlar: «Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris». Hytaýly mesihiler bolsa başga parçany halaýarlar: «Seniň ugruňda bizi her gün öldürýärler, bizi goýun hasaplaýarlar» (Rimliler 8:36). Yzarlanmalar we görgüler babatda bu aýatlaryň arasyndaky esasy tapawut nämede jemlenendir?
__________________________________________
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Ejir çekýän guluň aýdymyna esaslanyp, siz Isanyň ölüminiň we ölümden direlmesiniň ähmiýetini nähili düşündirýärsiňiz?
2. Ejir çekýän guluň aýdymy haýsy sözleriň kömegi bilen size Hudaýyň bagyşlamasyna we söýgüsine bolan ynamy berýär?
3. a) Özüňi ret etmeklik, b) her gün haçyňy götermek, g) Isanyň yzyna düşmek siziň üçin nämäni aňladýar? (Luka 9:23 seret).
4. Biz nädip Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmasyndan hemişe doly bolup bileris?
5. Mesihiň ygtyýary we Onuň özümiz bilen bile bolmaga beren wadasy diýen edijiligimize hem-de Onuň soňky Tabşyrygyny ýerine ýetirişimize täsirini nädip ýetirýär?
Okaň we ýatda saklaň:
Meň Patyşam
Isa Mesih dünýädäki şu wagta çenli bar bolan şahsyýetleriň iň beýigidir.
Ol Hudaýyň Ogludyr.
Ol rehim edýär hem-de halas edýär.
Ol goraýar we ugrukdyrýar.
Ol synaga düşenlere we synaga salynýanlara kömek edýär.
Ol ejizlere güýç berýär.
Ol syrkawlara şypa berýär.
Ol ezilýänleri goraýar.
Ol ýaşlara ak pata berýär.
Ol garrylaryň üstünde perwana bolýar.
Ol yhlaslylary sylaglaýar.
Ol kiçigöwünlileri goldaýar.
Ol akyldarlyk guýusydyr.
Ol halas bolma ýoludyr.
Ol dogrulyk we mukaddeslik ýoludyr.
2-nji bap
BIZIŇ AJAÝYP ÇAGYRLYŞYMYZ
1 Petrus 2:21
Aslynda, hemme adamlaryň paýyna düşýän ejirlerinden mesihileriň hem goragly däldigi, munuň üstesine-de, olaryň Mesihe bolan imany sebäpli yzarlanma duçar boljakdyklary Mukaddes Kitapda aýdyň aýdylandyr.
• «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» (2 Timoteos 3:12).
• «Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» (1 Petrus 2:21)
• «Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň… … çünki olar Meni Ibereni tanamaýarlar» (Ýahýa 15:18–21).
• «…hawa, sizi öldüren her kesiň şunuň bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler» (Ýahýa 16:2).
Ejir çekmeler baradaky giňden ýaýran alty sany ýalňyş pikiri sanaň.
1. __________________________________________
2. __________________________________________
3. __________________________________________
4. __________________________________________
5. __________________________________________
6. __________________________________________
Siziň pikiriňizçe, şu ýalňyş pikirleriň haýsysy giňden ýaýrandyr? Näme üçin şeýle pikir edýändigiňizi düşündiriň.
Öz halkynyň durmuşynda Hudaýyň näme üçin ejirleriň bolmagyna ýol berýändiginiň Mukaddes Kitapda azyndan ýedi sebäbi sanalyp geçilýär. Aşakda teklip edilen bölekleriň her birini okaň we olaryň manysyny we ähmiýetini düşündiriň:
• 1 Petrus 1:6–7; 5:10;
• 2 Korintoslylar 12:7–10;
• Ýewreýler 12:3–10;
• Filipililer 1:14;
• 1 Korintoslylar 3:12;
• Ýahýa 17:23 we Resullaryň işleri 2:42–47;
• Resullaryň işleri 8:1–4.
«Biziň dözümliligimiziň syry muşakgatlaryň ýoklugynda ýa-da abadançylykda däl-de, yzarlanmany paýhasly kabul etmegimizdedir». Biziň Mukaddes Kitapda tapyp bilýän ejirler baradaky ýedi ýagdaýy sanap geçiň. Ýokarda getirilen tassyklama bilen näme üçin ylalaşýandygyňyzy ýa-da ylalaşmaýandygyňyzy düşündiriň.
Özlerini gurşan adamlaryň medeni däp-dessurlary babatda eden ýalňyş hereketleriniň netijesinde, mesihileriň öz üstlerine ejirleri abandyrandyklaryna özüňiziň hususy tejribäňizden mysal getiriň. Eger siz üç maslahat berip bilsediňiz, onda şeýle adamlara näme diýerdiňiz?
1. __________________________________________
2. __________________________________________
3. __________________________________________
Aşakda getirilen bölekde siziň özüňiz üçin «basyş» ýa-da «ejirler» diýmegi aňladýan jümleleriň aşagyny çyzyň (ýa-da galam bilen töwerek içine alyň). Haçanda Pawlusy ejirlere duçar edenlerinde, ol bulara nähili jogap berdi we näme etdi?
«Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmelerde — hetdenaşa, ölümli hatarlarda — ençeme gezek. Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim; üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim. Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum. Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum. Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr. Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn? Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak. Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir. Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym. Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin. Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi. Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär), ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi. Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok. Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdýaryn. Ýöne biri meni göreninden ya eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn. Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi. Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. Ol maňa: “Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir” diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. Şu sebäpden hem ejizkäm güýçlüdirin» (2 Korintoslylar 11:23–12:10).
Rollarda türgenleşmek:
Siz duşmançylykly ýagdaýda ýaşaýan mesihi. Siziň töweregiňizdäkilere söýgiňizi görkezjek bolýandygyňyza garamazdan, daşyňyz imanyňyz zerarly sizi ýigrenýän adamlardan doly. Bu ýigrenç olaryň aýdýan zatlaryndan tapawutlanýan ýigrençdir. Mundan başga-da, siziň öýüňizde mesihi barada gürrüňdeşligi üçin imanly adamlar ogryn ýygnanýarlar.
Bir gün säher bilen goňşularyňyz siziň gapyňyzy döwäýjek bolýarlar. Soň polisiýa gelip, iki tarapyň hem arzyny diňleýär. Poliseýler size ýa-ha (bilşiňiz ýaly, sizi urjak ýerlerine) polisiýa edarasyna gitmekligi, ýa-da goňşularyňyzy suda bermegi saýlamaklygy teklip edýärler.
Siz haýsysyny saýlardyňyz? Näme üçin?
Şahsy ýumuş:
1. Yzarlanmalar we görgüler baradaky ýadyňyza düşürip bilen aýatlaryňyzy ýatdan aýdyň.
2. Mukaddes Kitap gahrymanlary we olaryň yzarlanma garaýyşlary barada gürrüň beriň.
Ara alyp maslahatlaşmaly soraglar:
1. Mesihiler öz durmuşda iman etmedik garyndaşlaryna garanda, görgülere köp derejede garaşmalymy?
2. Siz görgüler baradaky nädogry pikirde saklandyňyzmy? Haýsy pikirde saklandyňyz?
3. Mukaddes Kitap taglymatynyň görgüler dogrusyndaky haýsy nukdaýnazarlary hakda ozal hiç haçan pikirlenip görmändiňiz?
4. Görgüler baradaky Mukaddes Kitap taglymaty Hudaý bizi söýýär, şonuň üçin hem durmuşymyzda diňe biziň bähbidimize boljak synaglaryň bolmagyna ýol berýär diýen tassyklama bilen nädip ylalaşýar?
5. Dünýäniň kynçylykly sebitlerindäki mesihiler agyr görgülere duçar bolanda, biz olary nädip goldap bileris? Biz olardan nämeleri öwrenip bileris ?
3-nji bap
YZARLAMALARA GARAÝYŞ
1 Petrus 3:9
Biz hemme zady minnetdarlyk bilen kabul etmelidiris, sebäbi Hudaýyň bu zatlar babatda maksady bar. Ol şol maksatlaryň hatyrasyna-da, bizi Öz ölümden direlmesiniň güýji bilen üpjün edýär.
Bir akyldar pelsepeçi durmuşyň 20% hereketlerden, 80% garaýyşlardan (reagirlemeden) ybaratdygyny aýdypdyr. Mesihiniň hakyky yzarlamalara we görgülere nähili garamalydygyny bize Mukaddes Kitap öwredýär. Ine, şol taglymatyň takyk nukdaýnazarlarynyň birnäçesi:
1. Haýran galmaň (1 Petrus 4:12–13).
2. Şatlanyň! (Matta 5:11–12).
3. Minnetdarlyk bilen dileg ediň (Filipililer 4:6). Şeýle-de, özüňizi yzarlaýanlar üçin dileg ediň (Matta 5:44).
4. Muşakgatlaryň çeşmesini kesgitläň (1 Petrus 4:15–19).
5. Görgülerden utanmaň (1 Petrus 4:16).
6. Görgülere Mesihiň garaýşy ýaly garaň (Matta 5:38–48).
7. Hudaýa ynanyň! (1 Petrus 4:19).
Eger mesihiler Isanyň hatyrasyna görgi görmekligiň tebigy zatdygyna, bütin dünýädäki mesihileriň hem şunuň ýaly ýagdaýa düşýändigine düşünseler, onda güýçli goldaw alarlar.
8. Berk duruň we agzybir boluň (1 Korintoslylar 12:20–27).
Düzgün bolşy ýaly, mesihiler yzarlanylmaýan ýurtlardaky imanlylar yzarlanma temasyna biperwaý garaýarlar. Siziň pikiriňizçe, yzarlanmalar hakyndaky ýatlama imanlylar aşakdaky ýaly jogaplar berýärler:
1. «Bizde munuň ýaly zat bolup bilmez».
2. «Biziň döwrümizde yzarlama bolup bilmez».
3. «Hudaý munuň ýaly zada ýol bermez».
4. «Bu zatlar barada pikirlenmäge biziň wagtymyz ýok».
Köpler aslynda giňişleýin yzarlanma mümkin däl, sebäbi «Konstitusiýa wyždan azatlygyny berýär» ýa-da «biziň ýurdumyzda örän köp ýygnanyşyklar bar» diýip hasap edýärler.
Yzarlanma taýýarlanylmadyk mesihileriň garaýyşlarynyň dört mümkinçiligini sanap geçiň. Bularyň her birine Mukaddes Kitapyň jogaby nähili?
1)
2)
3)
4)
Yzarlanmalaryň zarbasy astynda özümizi abraýly alyp barmaklyk dolulygyna Mesihiň güýjüne baglydyr. Biz diňe Onuň kömegi bilen çydamly bolup bilýäris.
Yzarlanmalara garaýyşlaryň aşakdaky üç görnüşleriniň näme üçin hem mukaddes kitap we taryhy bolýandygyny düşündiriň.
1. Olar (Hudaýyň islegidigini bilenlerinde) gaçdylar (Resullaryň işleri 8:1–4).
2. Olar galdylar-da, döz geldiler (Kanun taglymaty 32:35; Mezmur 43:1).
3. Olar özleriniň kanuny hukugyndan peýdalandylar (Resullaryň işleri 22).
Üç görnüşiň hemmesinde-de, adalatlylyga ymtylyş, ylaýta-da, başga adamlar babatdaky adalatlylyk diýseň inçe zat bolup durýar. Mesihiler üçin adalaty goramak olaryň çagyrylyş ulgamyna degişlidir. Adalatsyzlyga garşy çykyş edýän mesihiler özlerini azar berilmelere we yzarlanmalara duçar edip, söweşiň öňki hatarynda durýarlar.
Yzarlanmalara jogap hökmünde Bütindünýä Hoş Habar birleşmesiniň dini azatlyk boýunça Topary tarapyndan taýýarlanylan maslahatlary gaýtalaň:
1. Ejir çeken ýygnaga beýleki ýygnaklaryň ýolbaşçylarynyň gelmegi we olaryň ruhy çopany hem-de adaty agzalary ruhlandyrmasy.
2. Kanundan çykmalar barada akt düzme we ol hakda bütindünýä birleşmesine habar berme. Adatça bu iş internetiň üsti bilen edilýär. Netijede beýleki mesihiler Mesihiň Bedeniniň ejir çekýän bölegi üçin güýçli dileg edip başlaýarlar.
3. Ejir çekenlere material kömegini berme. Ýygnaklar öz güýçlerini yzarlamanyň pidalaryna serişde ýygnamaklyga gönükdirýär.
4. Mesihileri yzarlanma baradaky takyk soraglary döwlet derejesine çykarma. Geljekde munuň ýaly zatlaryň öňüni almak üçin kanun tertibi we jemgyýetçilik pikiri sistemasyny ulanma.
5. Yzarlanmanyň islendik görnüşi baradaky habary bermeklerini haýyş etmek bilen ruhy çopanlary we adaty mesihileri özleriniň kanuny hukuklary bilen tanyşdyrma.
6. Näme etmelidigi we hereket edýän dini azatlyklaryň çäklerinde näme etmeli däldigi barada düşündirme.
Siz şu maslahatlar bilen ylalaşýarsyňyzmy ýa-da ýok? Näme üçin?
Ine, biziň durmuşymyzda yzarlanmanyň bolmagyna Hudaýyň näme üçin ýol berýändigi baradaky soraga berlen jogabyň bäş görnüşi:
1. Hudaý bizi dogry ýola gönükdirmek üçin yzarlamany ulanýar (Süleýmanyň pähimleri 20:30).
2. Hudaý bizi synamak üçin yzarlanmany ulanýar (Ýakup 1:2–3).
3. Hudaý bizi düzetmek üçin yzarlanmany ulanýar (Mezmur 119:71–72).
4. Hudaý bizi goramak üçin yzarlanmany ulanýar (Gelip çykyş 50:20).
5. Hudaý bizi kämilleşdirmek üçin yzarlanmany ulanýar (Rimliler 5:3–4).
Bar zadyň özeni aşakdakydadyr: Hudaý biziň durmuşymyzda, hatda özümiziň muňa düşünmedik wagtymyzda hem hereket edýär. Ýöne Hudaý bilen bile hereket etsek, onda Onuň hereketleri has-da täsirli bolýar. Bu ýeňşe tarap barýan ýoldur!
Rollarda türgenleşmek:
Siz edil Abdul ýaly, azatlyk çäklendirilen ýurtda ýaşaýarsyňyz. Siziň ýurduňyzdaky mesihiler ýigrenilýän azlyk bolup durýar. Hökümet başyna mesihilere garşy bolan ekstremistler gelýärler-de, siziň ýygnagyňyzy ýok etjekdigini aýdyp haýbat atýarlar. Olar ýerli ekstremistleri siziň ýygnanyşyk binaňyzy ýakmaklyga aşakdan öjükdirip başlaýarlar. Munuň üstesine-de, mesihileri iş ýerlerinde gysyp başlaýarlar, hatda işden hem çykarýarlar.
Siz muňa nähili gararsyňyz? Sizde edilmeli hereketleriň haýsy görnüşleri bar? Şol görnüşleriň her birini herekete girizmek üçin näme etmeli?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Bu sapakda getirilen faktlaryň sizi lapykeçlige düşürmegi mümkin. Ýöne mesihi hökmünde siz nähili duýgulary duýmalysyňyz?
2. Siz Mesihiň göreldesine eýerip, güýçli basyşlara nähili garamaly?
3. Gören görgülerimiz nädip Mesihe wepalylygymyzy we Onuň özümiz üçin ejir çekendigi baradaky düşünjämizi berkidip biler?
4. Mesihiler öz işlerini saklajak bolup, özlerini hem maşgalalaryny gorajak bolup, imanyny gizläp bilerlermi?
5. Käbir mesihiler näme etmek bilen yzarlanmany özleri öjükdirip biler? Bu barada özüňizde mysallar barmy?
6. Özüni we maşgalasyny goramak üçin mesihiniň ýarag ulanmagy kanuny zatmydyr? Mukaddes Kitap bu barada näme diýýär? Bu meseläni toparyňyz bilen bile ara alyp maslahatlaşyň.
7. Mukaddes Kitap mesihiniň raýatlyk borjy bilen onuň ýarag götermekdäki ýa-da ýarag götermeden boýun towlamakdaky şahsy jogapkärçiliginiň arasynda tapawut goýýarmy? Bu soragy Mukaddes Ýazgynyň takyk ýerlerine esaslanmak bilen ara alyp maslahatlaşyň.
II-NJI BÖLÜM
Ýygnak
4-nji bap
ÝYGNAK NÄME
Koloseliler 1:18
1 Korintoslylar 3:9-a; 12:13, 27-ä; Ýewreýler 3:6-a; Ylham 19:7–9-a; 21:2, 9-a; Efesliler 5:22–23-e; Matta 16:13–18-e laýyklykda, Ýygnak — bu näme?
Ýygnak ýöne bir bina ýa-da adam tarapyndan döredilen gurama däl-de, ruhy birlikdir.
Kim Ýygnaga degişli bolup biler? (1 Petrus 2:5, 9-a; Ýewreýler 4:16-a seret).
Mukaddes Kitabyň Ýygnaga bolan talaplarynyň haýsy üçüsini bilýärsiňiz?
1. Ýahýa 3:1–17 we 2 Korintoslylar 5:17.
2. 1 Petrus 2:5; 1 Korintoslylar 12:12 we Matta 18:20.
3. Efesliler 2:22 we 1 Korintoslylar 12:25–26.
Isa Mesih Öz Ýygnagyny bäş zady etmeklige borçly etdi. Biz Hoş Habary wagyz etmelidiris (Matta 28:19), şägirt terbiýelemelidiris (Matta 28:20), Hudaýyň söýgüsini görkezip, adamlara hyzmat etmelidiris (Matta 22:39; Efesliler 4:12), biri-birimiz bilen gatnaşykda bolmalydyrys (Efesliler 2:19; Galatýalylar 6:10) we bilelikde Hudaýa sežde etmelidiris (Matta 4:10; Ýahýa 4:23). Bu işleriň hiç biri-de beýlekisinden artykmaç däldir, olaryň hemmesi-de deň derejede wajypdyr.
Indi siz Ýygnagyň etmeli bäş işleri hakynda bileniňizden soň, şularyň her birinde siziň näme etmegiňizi ýa-da nämäni üýtgetmegiňizi sizden Mukaddes Ruh haýyş edýär:
1. Hoş Habary wagyz etme
Eger biz hakykatdan hem Mesihi Reb we Halasgär hökmünde tanan bolsak, onda bu ajaýyp duýgularymyzy söýýän adamlarymyz bilen hökman paýlaşasymyz geler.
Şu ugurdaky ätjek ädimlerim:
Özüňiziň höwes bilen hoş habary paýlaşýan adamyňyzyň (adamlaryňyzyň) atlaryny aýdyň.
2. Şägirtleri terbiýeleme
Ýakynlarymyzdan biriniň Mesihe gelen badyna, biz oňa Rebde ösmäge kömek etmelidiris.
Şu ugurdaky ätjek ädimlerim:
Hut şu wagt siziň şägirtleriňiz barmy?
3. Adamlara hyzmat etme
Käwagt goldaw we makullama sözi ýa-da kiçijik hem bolsa, bir gowy iş Mesihdäki doganymyzyň duşmanyň çozuşlaryna garşy durup bilmeginde aýgytlaýjy ýagdaý bolup biler.
Şu ugurdaky ätjek ädimlerim:
4. Biri-birimiz bilen gatnaşyk
Şonuň üçin wagtyny bile geçirmeklik, ruhy ýaşaýyşdaky öz tejribelerini paýlaşmaklyk we birek-biregi goldamaklyk mesihiler üçin örän möhüm zatdyr.
Şu ugurdaky ätjek ädimlerim:
5. Bile sežde etmeklik
Mukaddes Kitapda imanlylaryň Hudaýa sežde etmelidigi aýdylýar-da, näme üçin beýle etmelidikleri düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, ol ýerde nädip sežde etmelidigi barada takyk zat aýdylmaýar.
Şu ugurdaky ätjek ädimlerim:
Ýygnagyň işjeňliginiň çäklendirilmegi onda sežde etmekligiň we hoş habary ýaýratmaklygyň täze usullarynyň döremegine getirmelidir. Mukaddes Kitapda ýa-da siziň anyk öz ýagdaýyňyzda duş gelinýän täze usullary sanap geçiň.
1 Korintoslylar 6:1–8 we 2 Korintoslylar 8:6; 10–11; 9:15 bölekler esasynda Iýerusalim we Korintos ýygnaklarynyň arasyndaky tapawutly häsiýetleri sanaň.
Iýerusalim ýygnagy Korintos ýygnagy
Täzeäht mesihileriniň gatnaşygy açyk ruhlulykda, söýgüde we birek-biregiň aladasyny etmekde geçýärdi. Olaryň özara gatnaşyklary belli bir programmalaryň çäklerindäki ýygnanyşyklara, guramalara, işlere bagly däldi. Olar biri-birleriniň ýüküni çekip we biri beýlekisi üçin dileg edip, biri-birlerine kömek edýärdiler. Şunuň ýaly özara gatnaşyklar rim häkimiýetiniň mesihilere berýän päsgelçiliklerine garamazdan ösmegini dowam etdirýärdi.
Ýygnagyň nämedigine, onuň işine we görnüşlerine düşünmek üçin, geliň, balyk tutmak ýagdaýynyň üstünde oýlanalyň.
• Balyk tutmagyň manysy balyk tutmak üçin azyndan wajyp bolan şertleri üpjün etmekden jemlenendir. Munuň üçin iki talaby kanagatlandyrmak gerekdir: balyk tutar ýaly balykçy we balyk gerek. Balyksyz diňe tebigat galýandyr we balyksyz balyk tutup bolmaz, diňe balykçy we suw bolar!
• Balyk tutmak işi onuň maksadynda — balyk tutmaklykda — jemlenendir.
• Balyk tutmagyň görnüşleri dürli-dürli bolup bilýändir, iň esasy zat — bu olaryň barynyň esasy maksady we işi ýerine ýetirmegidir. Bu çeňňek, sançgy, tor, partladyjy we ş.m. bilen amala aşyrylyp bilner. Şu wagt biz balyk tutmagyň kanuny usullary hakynda däl-de, mümkinçilikler hakynda gürrüň edýäris: görnüş işi ýerine ýetirýärmi?
Derňewiň hut şu düzgünleri-de Ýygnagyň nämedigi, onuň işi we görnüşleri babatda hem ulanylyp bilinýändir.
• Ýygnagyň nämedigi onuň döremegi üçin azyndan wajyp bolan şertlere baglydyr: Isa Mesihiň ady bilen ýygnanyşýan imanlylar gerekdir.
• Ýygnagyň etmeli işleri bäş taraply häsiýete eýedir: bu hoş habary wagyz etmek (Matta 28:19), şägirtleri taýýarlamak (Matta 28:20), Hudaýyň söýgüsini görkezmek bilen adamlara hyzmat etmeklik (Matta 22:39; Efesliler 4:12), bir-birleri bilen gürrüňdeşlik (Efesliler 2:19; Galatýalylar 6:10) we bilelikdäki sežde (Matta 4:10; Ýahýa 4:23).
• Ýygnagyň görnüşleri dürli bolup bilýändir — ýygnanyşyklar jaýyň içinde, meýdanda ýa-da öýde geçirilip bilner; ýekşenbe, şenbe ýa-da duşenbe agşamda. Şu wagt biz däp-dessurlar hakynda däl-de, diňe düzgünler hakynda gürrüň edýäris: olar Ýygnagyň esasy işlerini ýerine ýetirýärmi?
Öz ýygnagyňyzyň nämedigini, onuň işini we görnüşini beýan ediň.
Ýygnagyňyzyň nämedigi
Onuň işi
Görnüşi
Aziýadan bolan ýygnak ýolbaşçylary tarapyndan teklip edilen ýeňişli ýygnagyň häsiýetnamasyny ýadyňyza salyň. Olaryň her birini 1-den 10-a çenli belläň. Öz ýygnagyňyzda aýan bolşuna laýyklykda, iň güýçlülerini 1-den başlap, geljekde ösdürilmäge mätäç bolanlaryny 10-a çenli belläň.
• Ýygnak Mukaddes Ruhuň güýjüni her gün duýýar.
• Ýygnak mesihiň Bedeni bilen gatnaşykda bolup ýaşaýar.
• Ýygnak Mukaddes Kitaby bilýär, şonuň üçin ondan peýdalanyp biler.
• Ýygnak Hoş Habary wagyz etmeklige çynlakaý garaýar.
• Ýygnak jemgyýetiň mätäçliklerine gulluk etme işine wepalydyr.
• Ýygnak (özüne degişli bolmadyk) daşarky gözegçilikden we öz üstünden höküm sürülmeginden azat bolmalydyr, bu zatlara garaşly bolmaly däldir.
• Ýygnak özi babatdaky garşydaş güýçleriň güýçli we ejiz taraplaryny bilýär.
• Yzarlanylýan şertlerde-de şaýatlyk edýän Ýygnak gaýduwsyz Ýygnakdyr.
• Ýygnakdaky adaty mesihiler bilen ýolbaşçylar ýygnanyşygyň ýüküni deň paýlaşýandyrlar.
• Dileg edýän Ýygnak!
Rollarda türgenleşmek:
Garşydaş güýçleriň resmi taýdan ykrar edilen ýygnaga azar berýändigi barada mysallar köpdür. Aşakdaky hakykatdan hem bolan wakalara seredip çykyň-da, her bir takyk ýagdaýda nähili hereket ederdiňiz, şony çözüň. Siz nähili pikir edýärsiňiz, döwlet tarapyndan ykrar edilmedik kiçi ýygnak şunuň ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gowy gelermidi?
• Günorta Wýetnamyň kommunistler tarapyndan basylyp alnanyna iki aý geçenden soň, bir mesihi öz dostuna şeýle diýip hat ýazypdyr: «Biziň ýygnanyşyklarymyza täze adamlar gelip başlady. Olar bizi köp zatlary ara alyp maslahatlaşmaga ruhlandyrýarlar. Aslynda biziň sežde edenimizden, syýasy ýygnaklarda bolşy ýaly pikir alyşýan wagtymyz köp bolýar. Adatça ýygnanyşygymyza täze adamlar gelende begenýäris, ýöne bu ýagdaýda welin, biz ýygnagymyzyň durmuşyna biedeplik bilen girmä sezewar bolýarys». Şu ýygnagyň agzalarynyň ýerine bolan bolsaňyz, siz näme ederdiňiz?
• Hytaý häkimiýeti ilkibaşda ýygnaga köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirmäge rugsat berýärdi, ýöne soňabaka Ýygnagyň elinden jaýlaryny alyp ugradylar. Häkimiýet şol jaýlary keselhana, saglyk öýleri, çagalar öýleri we mekdepler üçin ulanyp başlady. Siz nähili pikir edýärsiňiz, şunuň ýaly ýagdaýda şol guramalarda işleýän mesihiler nähili hereket etmelidiler?
• Kubada Fidel Kastronyň häkimiýeti birnäçe ýygnagyň işlemegine rugsat berdi. Ýöne ýygnaklara gelýän adamlaryň sany dileg edilýän zala ýerleşerden köpdi. Ýygnaklara mundan uly jaýlary gurmaklyga ýa-da ýygnanyşygy şol jaýlardan başga ýerlerde, ylaýta-da, öýlerde geçirmeklige rugsat berilmeýär. Hatda, (ýer tygşytlamak üçin) bütin ýygnanyşygyň dowamynda aýak üstünde durmaklyga gelenleriň hemmesi taýýar bolsalar-da, käbirleri jaýyň içine girip bilmän öýlerine gaýdyp gitmäge mejbur bolýardylar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda näme etmeli?
• Käbir musulman ýurtlarynda emigrasiýa edilen mesihileri halamaýarlar. Ýerli mesihiler hem öz imany barada açyk aýtmaga het edip bilmeýärler. Şunuň ýaly «gizlin» mesihilere hakyky mesihiler diýip bolarmy? Olar Ýygnaga mahsus bolan işleri ýerine ýetirip bilerlermi? Kim bilen we nädip sežde etmelidigini olar nähili çözmeli?
• Mesihilige duşmançylykly bolan häkimiýetler mesihileri dargatmaga, şeýdibem, olaryň ýetirýän täsirini gowşatmaga çalyşýarlar. Kampuçiýa ýaly ýurtlarda bütin ilat mejbury ýagdaýda ýaşamak üçin başga ýerlere göçürildi. Wýetnamda başga tär saýlanyldy. Belli bir maşgala maddy taýdan güýçden gaçýança, salgytlar ýokarlandyrylýar. Şondan soň häkimiýet şol maşgalany başga ýere göçürýär. Öňki Sowet Soýuzy döwründe Sibire şeýle köp mesihi goýberildi welin, indi şol ýer ýurduň Hoş Habary işjeň wagyz edýän mesihileşdirilen sebitine öwrüldi duruberdi. Eger ykdysady sebäplere görä sizi maşgalaňyz bilen bile ýekeje mesihiniň hem tanamaýan etrabyňyza göçmäge mejbur etseler, näme ederdiňiz?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Mesihilerde biri-biri babatda nähili borçlary bolmaly?
2. Ýygnak ýolbaşçylarynyň biri Hoş Habary wagyz etmäni şeýle kesgitledi: «Hoş Habary wagyz etmeklik şeýle aýdyň we eglişiksiz bolmalydyr welin, ony diňlän adam ýa-ha Mesihi kabul etmelidir, ýa-da ret etmelidir». Siz şeýle kesgitleme bilen ylalaşýarmysyňyz? Siziň maşgalaňyz Hoş Habar baradaky wagyz sözlerini eşitdimi?
3. Mesihi doganlarymyzy nädip töweregimizdäki dünýä has gowy usul bilen wagyz etmäge höweslendirmeli?
4. Hoş Habary wagyz etme gadagan edilen jemgyýetde ony nädip wagyz etmeli? Eger eliňizde ruhy edebiýat bolmasa, onda muny nähili edip bolar?
5. Beýleki mesihilerden alýan maddy kömekleriňiziň artykmaçlygyny we ýetmezçiliklerini ara alyp maslahatlaşyň.
6. Siziň toparyňyza ýolbaşçylyk gurluşynyň haýsy görnüşi gerek? Ýolbaşçylyk gullugyny ýerine ýetirýän adam nähili häsiýetlere eýe bolmaly?
7. Ýokarda getirilen, ýagny mesihileriň duş gelýän ýagdaýlaryny rollarda oýnap görüň.
8. Aziýadan bolan ýygnak ýolbaşçylarynyň teklip eden zatlaryny, ýagny ýeňişli Ýygnagyň on häsiýetini ara alyp maslahatlaşyň. Siz olar bilen ylalaşýarmysyňyz? Bu sanawyň üstüne siz hem bir zat goşmak isleýärsiňizmi?
5-nji bap
HUDAÝ HARLANYLAN BOLUP BILMEZ
Efesliler 1:22–23
Ýerli ýygnak bilen häkimiýetleriň arasyndaky garnaşyklaryň aşakdaky görnüşleriniň güýçli (+) we gowşak (—) taraplaryny sanap geçiň:
1. Režim bilen birlikde ýaşaýan Ýygnak (mysal üçin, Hytaýdaky käbir ýygnaklar).
(+) (—)
2. Garşy durýan ýygnak (mysal üçin, Efiopiýada, Polşada, öňki Sowet Soýuzynda, Mýanmada (öňki Birma) we Kolumbiýada).
(+) (—)
3. Gizlin ýygnak (mysal üçin, Hytaýdaky öý, kiçi topar we maşgala ýygnaklary).
(+) (—)
4. Ýygnagyň ýalan azatlygy we oňa abanýan howp (mysal üçin, Nepalda).
(+) (—)
Biziň örän habardar bolmagymyz gerek. Beýleki mesihileri Rebbe biziň gulluk edişimiz ýaly gulluk etmeýändigi sebäpli, ret etmeli däldiris.
Şu adamlar yzarlanmalara we kowalanmalara nähili jogap berdiler?
• Şamuwel (1 Şamuwel 16:1–5 seret).
• Ylýas (1 Patyşalyklar 17:3 seret).
• Ester (Ester 7:1–4 seret).
• Danyýel (Danyýel 3 we 6 seret).
• Isa (Ýahýa 8:59; 11:54 seret).
• Petrus bilen Ýahýa (Resullaryň işleri 4:18–20 seret).
• Pawlus (Resullaryň işleri 9:23–30; 16:22–24; 13:10–11; 1 Korintoslylar 9:22-ä seret).
Duşmançylykly ýagdaýlarda nähili bolmalydygynyň bu Mukaddes Kitap mysallary Ýygnagyň we aýry mesihileriň diýseň çeýeligini açyp görkezýär.
Haýsy manyda azatlyk çäklendirilen ýa-da munuň ýaly zat asla ýok bolan ýurtlarda Ýygnaklary resmi statuslaryndan mahrum etmeklik, olaryň azat bolmasynyň faktory bolýar?
Rollarda türgenleşme:
Siz oba ýerindäki uly bolmadyk ýygnagyň ýolbaşçysy. Bir gün siziň ýanyňyza ýerli gozgalaňçy toparyň komandiri gelýär. Ol size haýbat atyp, ýygnagyň işini bes etmekligi talap edýär, bolmasa (maşgalaňyzyň ýaşaýan we mesihileriň üýşüşýän ýeri bolan) siziň öýüňizi otlajakdygyny aýdýar. Siz näme edersiňiz? Siziň ýygnagyňyzyň agzalary näme ederler?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Meşhur mesihi ýolbaşçylary ýerli ýygnagyň täri üçin teklip edilen dört usuldan diňe üçüsini saýlap bilýärler. Näme üçin?
2. Mukaddes Kitap mysallaryndaky imanlylaryň täri saýlamakdaky çäklendirilmesi nämeden ybaratdy (Resullaryň işleri 15:29 seret)? Siziň şaýat bolan ýagdaýlaryňyzda, mesihileriň özleri öz öňlerinde nähili çäklendirmeleri goýýarlar?
3. Beýleki mesihileriň özlerini biziňkä garanda başgaça alyp barmagynyň mümkindigine, şonda-da iki tarapyň hem mamla bolup bilýändigine düşünmek näme üçin wajyp?
4. Hytaýdaky bir mesihi topary tarapyndan kabul edilip: «Mesihdäki doganlaryňyzyň hemmesini söýüň, ýöne özüňiziň bilşiňiz ýaly, diňe synagdan geçenlerine ynanyň» diýýän düzgüni ara alyp maslahatlaşyň.
5. Eger töweregimizdäkileriň göz öňünde imanymyz synalanda synagdan geçip bilmedik bolsak, onda biz özümizi nähili alyp barmaly? Petrus Isany inkär edenden soň näme etdi? (Matta 26:69–75 seret). Petrus Isany inkär edenden soň, hakyky mesihiligine galdymy?
Şahsy ýumuş:
Ýygnak toparynyň her bir agzasyndan öz toparyny häsiýetlendirýän shemany doldurmagyny haýyş ediň.
Her toparyň güýçli we ejiz taraplaryny deňeşdiriň we olaryň toparda bar bolan mümkinçiliklere hem-de olara abanýan howpa laýyk gelşine serediň.
6-njy bap
DIRI ÝYGNAK
Filimun 1:1–2
Meşhur «Hudaýyň kontrabandaçysy» bolan Andreý dogan ýygnak ýolbaşçylarynyň iki görnüşlisine, ýagny: «Munuň ýaly zat bu ýerde bolup bilmez» hem-de: «Biz ozal bu ýerde beýle zat bolup bilmez diýip pikir edýärdik» diýýänlerine duş gelendigini aýdýar.
Azat jemgyýetde resmi taýdan ykrar edilen ýygnagyň roly we jogapkärçiligi nähili?
Azat jemgyýetde we mesihiler üçin mümkinçilikleriň çäklendirilen jemgyýetinde hoş habary ýaýratmak işinde nikalaşma, merhumy jaýlama çäresi we suwa çümdürilme nädip ulanylyp bilner?
Nikalaşma
Merhumy jaýlama çäresi
Suwa çümdürilme
Irki Ýygnak diňe öý ýygnanyşyklary bilen çäklenmändir. Mesihiler ybadathanalara, sinagogalara, ýygnak zallaryna, açyk forumlara barypdyrlar, derýalaryň kenarlarynda gämilerde we başga ýerlerde duşuşypdyrlar. Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesini öý ýygnaklarynda-da ýerine ýetirip bolýandygyna düşünmeklik adamy ruhlandyrýar. Repressiw režimli köp ýurtlarda bu wezipeleri diňe hususy öýlerde ýerine ýetirmek mümkin bolýar. Täze Äht şol döwürde öý ýygnaklary köp bolan bolsa-da, biziň ünsümizi bäş sany «öý ýygnagyna» aýratyn çekýär (Rimliler 16:3–5, 23; 1 Korintoslylar 16:19; Koloseliler 4:15; Filimun 1:2 seret).
Öý ýygnaklarynyň artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini sanap geçiň:
Artykmaçlyklary
Ýetmezçilikleri
Ýygnak gowy döwürlerde bolşy ýaly, kynçylykly döwürlerde hem sagdyn bolmalydyr. Ýygnak täzeäht döwründäki irki Ýygnagyň edişi ýaly, diňe öz wezipeleriniň hemmesini ýerine ýetiren ýagdaýynda sagdyn bolup biler (Resullaryň işleri 2:42–47-ä seret).
Nädip imanlylaryň uly bolmadyk toparlary şu aşakdaky maksatlara ýetip bilýändir:
• Biri-biriňize gulluk ediň (Galatýalylar 5:13);
• Biri-biriňizi kabul ediň (Rimliler 15:7);
• Biri-biriňizi bagyşlaň (Koloseliler 3:13);
• Biri-biriňize salamlar gönderiň (Rimliler 16:16);
• Biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň (Galatýalylar 6:2);
• Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň (Rimliler 12:10);
• Biri-biriňize hormat goýuň (Rimliler 12:10;
• Biri-biriňize öwüt-nesihatlar beriň (Rimliler 15:14;
• Biri-biriňize boýun boluň (Efesliler 5:21);
• Biri- biriňizi abatlaň (1 Selanikliler 5:11).
Uly bolmadyk toparlar ulgamy diňe bir kyn ýagdaýlarda ýygnagyň aman galmagy üçin däl-de, eýsem, onuň ösmegi üçin hem oňatdyr. Kyn ýagdaýlarda bolşy ýaly, oňat ýagdaýlarda-da ösmek isleýän ýygnak üçin ýolbaşçylary taýýarlamaklyk — hökmany şertdir.
Uly bolmadyk toparlaryň artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini sanap geçiň:
Artykmaçlyklary
Ýetmezçilikleri
Rollarda türgenleşmek:
Hytaýdaky öý ýygnaklarynyň göreldesine eýeriň:
1. Aýdymlary ýuwaşjadan aýdyň.
2. Mukaddes Kitaplardan parçalary ýazyp alyň.
3. Özüňiziň görgüde we hasratda toplan tejribeleriňizi paýlaşyň.
4. Her täze hepdäni täze Mukaddes Kitap aýatlary bilen ýaşap geçiriň.
5. Göýä türmede oturan deýin dileg ediň.
6. Öz ýurduňyzdaky Hoş Habaryň wagyz edilmegine mätäç bolan sebitler üçin dileg ediň.
Yzarlanýan Ýygnagyň ejirlerini azat ýurtlaryň mesihileriniň ýüreklerine ýakyn kabul edip bilmekleri üçin näme etmeli?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Kommunizm Hytaýdaky we Efiopiýadaky Ýygnagy ýok edip ýa-da ony özgerdip bildimi? Öz jogabyňyzy delillendiriň we takyklaň.
2. Siz haçan hem bolsa bir wagt mesihilik gatnaşygy babatda şu bapda berlişi ýaly görnüşde oýlanyp görüpmidiňiz? Siziň özüňiz şonuň ýaly gürrüňdeşlige gatnaşyp görüpmidiňiz?
3. Eger ýygnak topary ulalyp, öýde ýygnanyşardan has uly bolan ýagdaýynda näme etmeli?
4. Mesihileri daş sebitlere goýbermek bilen şeýtan näme gazanmaga çalyşýar? Şeýtanyň şunuň ýaly täri özüne garşy öwrülip bilermi? Nädip şeýle bolup biler?
5. Ýerli şertlere öwrenişmek üçin siz resmi taýdan ykrar edilen ýygnagyň käbir «düzediş» praktikasyna gitmäge synanyşyp gördüňizmi? Bu temany ara alyp maslahatlaşyň.
(Üns beriň: Biziň sapaklarymyzy ulanmaklyk hem köp ýagdaýlarda «düzetme» serişdeleriniň biri bolup durýandyr.)
7-nji bap
MESIHI MAŞGALA
Işaýa 54:13
Iň başyndan başlap, maşgala Hudaýyň ýaradyşynyň esasy birligi bolupdyr we maşgala arkaly hem Özüniň adamzat bilen aragatnaşyklaryny berkitdi.
Näme üçin maşgala Hudaý üçin şeýle wajyp?
On tabşyrygyň altysy şahsyýetler arasyndaky gatnaşyklara degişlidir. Olaryň üçüsi maşgalany goramaklyga niýetlenilipdir:
• Ene-ataňy syla;
• Zynahorluk etme;
• Öz ýakynyňyň aýalyna göz gyzdyrma (Çykyş 20:7–17).
Maşgalada aragatnaşyklaryň berk bolmagy üçin adamlar näme edip bilerler?
Azat jemgyýetdäki we totalitar režimli ýurtlardaky mesihilere şu aşakdakylaryň nähili täsir edýändigini düşündiriň:
1. Wagt
2. Okuw
3. Özüne çekiji gazanç
4. Geljek: bilim we iş
Eger mesihi maşgalasy öz düýbünde Ýygnagyň binýady bolup durýan bolsa, onda maşgala Ýygnagyň özüniň kiçijik bir gürnüşi bolup bilýändir?
1. Mukaddes Kitaby bileje öwreniň.
2. Çagalary Hudaýa bagyş ediň.
3. Ýygnagyň bäş wezipesiniň hemmesini ýerine ýetiriň.
4. Dileg etmede görelde görkeziň.
Mesihi maşgalasyny berkitmek üçin berlen aşakdaky maslahatlary nädip öz ýygnagyňyzda amala aşyryp bolar?
1. Her bir mesihä Mukaddes Kitabyň maşgala baradaky taglymatyny düşündiriň.
2. Iman eden ýaşlara öz maşgalalaryny terk etmezligi öwrediň.
3. Öz ýygnagyňyzda maşgalasy ýok adamlar üçin maşgala atmosferasyny döretmäge kömek ediň.
4. Mesihilik okuwynyň programmasyny maşgala meselesi boýunça düzüň.
5. Ýygnagyň bäş wezipesini öz durmuşynda amal etmäge maşgala kömek ediň.
Rollarda türgenleşmek
• Bile ýygnanyşýan toparyňyzdan bir maşgalanyň kyn döwri başdan geçirýändigini siz bilýärsiňiz. Bu maşgalanyň kakasy özüniň ruhy ýolbaşçy hökmündäki borçlaryny ýerine ýetirmeýär, şeýdibem, aýaly bilen çagalaryna kynçylyk döredýär. Olaryň aragatnaşyklary diýseň dartgynly. Eger ýagdaýlar üýtgemese, onda maşgala dargaýar. Şunuň ýaly ýagdaýda siz we siziň bile ýygnanyşýan toparyňyz bu maşgala üçin näme edip bilersiňiz?
• Bu günki günde mesihilige garşy bolan güýçler mesihi maşgalalaryna hüjüm etmäge synanyşyp, olaryň çagalaryny aldaw bilen öz tarapyna çekmäge çalyşýarlar. Biziň hemmämiziň näzijek bolanlara, ýagny çagalara gerek bolan ünsi berip, olary möhüm bolan taýýarlyk bilen üpjün etmeýändigimize duşman gaty gowy düşünýär. Kommunistler öz ene-atalarynyň edýän zatlaryny gelip aýdýan çagalary hemişe sylaglaýardylar. Näme edýändigine düşünmeýän çagalar barada gürrüň gidende bu örän wawwaly mesele bolup durýar. Köp hytaý maşgalalarynda ene-atalary öz çagalaryndan özleriniň mesihi pikirlerini berk gizleýärdiler, sebäbi olaryň özleri barada kommunistlere baryp aýdaryndan gorkýardylar. Siziň çagalaryňyz imanda näderejede berk dur?
• Eger ýaşlar döwlet syýasaty babatda höwesjeňlik görkezmeseler, onda döwlet olaryň mundan beýläk bilim almagyna ýol bermeýär. Awtoritar jemgyýetlerde şunuň ýaly usul köp ýaşlary öz ene-atasynyň dini garaýyşlaryndan ýüz öwürmeklige mejbur etdi. Afrikan döwletleriniň birinde häkimiýet gurluşy özüniň şahsy syýasy esasyny berkitmek üçin butparaz däplerini dikeltmäge synanyşýar. Şonda ýaşlary hem erbet ruhlara bagyşlanan dabara gatnaşmaga mejbur edýärler. Eger dabara gatnaşmakdan ýüz öwrüläýse, onda gazaply yzarlanylma başlanýar. Mesihiler, eger häkimiýete boýun bolsalar, onda özleriniň mesihi imanyna ysnat getirerden ýa-da ony asla ýitirmekden gorkýardylar. Siziň çagalaryňyz şunuň ýaly synaga döz gelip bilermi? Siz näderdiňiz?
• Käbir ýurtlarda maşgalabaşy onuň beýleki agzalaryna dini ynamyň haýsysyny saýlamalydygyny görkezýär. Şunuň ýaly ýagdaýda mesihi bolan ene bilen çagalar näme etmeli? Olar maşgalabaşa hormat bilen garap, öz ynamyna wepalylygy nädip saklamaly?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Ruhy aýdymlaryň awtorlarynyň biri bir gezek: «Bu dünýä Hudaýa dost däl» diýipdir. Töweregiňizdäki dünýä siziň maşgalaňyza we Hudaýyň öňünde gezmäňize nähili basyş edýär?
2. Mesihi maşgalalaryň öz çagalaryny gorap biläýjek we ýalan taglymatlar öwredilýän mesihi däl mekdepleriň şertlerinde imanda berkligine galmagyna kömek edip biläýjek tärlerini ara alyp maslahatlaşyň.
3. Siziň bile ýygnanyşýan toparyňyzda özüňizden ýaş agzalaryň giden wagty boldumy? Olary hakykat ýolundan näme alyp gitdi?
4. Siziň bile ýygnanyşýan toparyňyz öz agzalarynyň maşgala aragatnaşyklaryny berkitmek üçin näme edip biler diýip pikir edýärsiňiz?
III-NJI BÖLÜM
Dawa
8-nji bap
DUŞMANY TANAMAK
1 Ýahýa 3:8
1998-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň merkezi böleginde geçirilen konferensiýa öý ýygnanyşyklarynyň ýolbaşçylary ýygnandy. Olar iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanan kiçi toparlaryň on milliondan gowrak agzalarynyň adyndan gelen wekillerdi. Olar iň wajyp meseleleriň üçüsini saýlap alyp, olaryň çözgüdiniň tärini işläp düzdüler.
Ýygnagyň iň esasy kynçylyklary hökmünde siz ilkinji üç orna nämeleri goýardyňyz?
1)
2)
3)
Mesihi durmuşynda dawanyň öz gözbaşyny dört çeşmeden alýandygy hakynda Mukaddes Kitap gürrüň berýär. Olar nähili çeşmeler?
1. Markus 7:20–23;
2. Ýahýa 16:33
3. Ýakup 4:4; 1 Ýahýa 2:15–17;
4. Efesliler 6:10–12; 1 Petrus 5:8.
Şeýtanyň güýçli täsir edýän mekirliginiň biri-de, özi hakdaky hakykatyň barlygyny şübhe astyna salmaga çalyşmakdan ybaratdyr.
Mukaddes Kitap biziň duşmanymyz, ýagny şeýtan barada köp gürrüň berýär. Köne Ähtiň ýedi Kitaby bilen Täze Ähtiň awtorlary ol barada gürrüň berýärler ýa-da onuň adyny ýöne bir tutup goýýarlar. Täze Ähtdäki şeýtana salgylanmanyň ýigrimi dokuz sanysynyň ýigrimi bäşisini Isanyň Özi aýdýar. Mukaddes Ýazgynyň: «iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär» (1 Ýahýa 3:8 seret) diýip gürrüňini edýän şeýtany barada Mukaddes Kitabyň näme diýýänini takyk bilmegimiz gerekdir. Biziň şeýtanyň özümize zeper ýetirip biläýjek ýagdaýyny döretmeli däldigimizi Pawlus aýdýar, sebäbi biz onuň niýetlerinden habarsyz däldiris (2 Korintoslylar 2:11 seret). Şeýtanyň atlarynyň we lakamlarynyň sanawy onuň käbir häsiýetlerini we gylyklaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
1. Pitneçi hökümdar
• erbet güýçleriň hökümdary (Efesliler 2:2);
• bu dünýäniň hökümdary (Ýahýa 14:30);
• bu dünýäniň taňrysy (2 Korintoslylar 4:4);
• jynlaryň hany (Matta 12:24).
2. Ýalançy
• aýyplaýjy (Ylham 12:9–11);
• ýalanyň atasy (Ýahýa 8:44)
• nur perişdesi (onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylary (2 Korintoslylar 11:14–15);
• azdyryjy şeýtan (1 Selanikliler 3:5).
3. Adam öldüriji
• arlaýjy arslan (1 Petrus 5:8–9);
• ganhor (Ýahýa 8:44).
Şeýtanyň mesihileriň durmuşlary babatdaky özünuň esasy roluny nädip ýerine ýetriýändigini düşündiriň.
Aşakdaky kesgitlemeleriň bize şeýtanyň kimdigine düşünmäge nädip kömek edýändigini düşündiriň.
• erbet güýçleriň hökümdary (Efesliler 2:2);
• bu dünýäniň hökümdary (Ýahýa 14:30);
• bu dünýäniň taňrysy (2 Korintoslylar 4:4);
Eger şeýtan diňe Hudaýa öýkünip biler, ýöne onuň özi hiç zat ýaradyp ýa-da döredip bilmeýän bolsa, onda onuň esasy maksady nämede jemlenen?
Hudaýyň duşmany bolan şeýtan özüniň erbet pirimli işini nädip mesihi Ýygnagynyň we mesihi maşgalasynyň içinde amala aşyrýar?
1. Şeýtan pitneçi hökümdardyr
2. Şeýtan ýalançydyr
a) Ol Hudaýyň sözüni ýoýýar
b) Ol mesihileri aýyplaýar
3. Şeýtan ganhordyr
Duşman zalym hem mekirdir. Biz bu fakty boýun almalydyrys. Ýöne şonda-da, biz ýeňişli durmuşda ýaşap bileris, sebäbi «…Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür edýändigimizi» (1 Korintoslylar 15:57) Mukaddes Kitap aýdýar.
Ýujin Peterson Ýahýanyň Hoş Habaryndaky sözleri (Ýahýa 1:4–5) başgaçarak aýdanda, şeýle diýýär: «Adamlaryň Ýaşaýşy bolan Nur garaňkylykda parlaýar. Garaňkylyk Ony söndürip bilýän däldir».
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Käwagt adamlar şeýtan ýöne bir erbet güýçdür diýip pikir edýärler. Onuň hakyky şahsyýetdigine nädip göz ýetirmeli? Näme üçin bu fakt ähmiýete eýe?
2. «Eger Hudaý bar bolýan bolsa, onda Ol näme üçin ýer titremesi (suw basma ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar) bolan wagty bigünä adamlaryň ölmegine ýol berýär?» diýen soraga nähili jogap berip bolar?
3. Erbetlik ahyrsoňunda bizi ýok etjek bolup, nädip ýagşylygyň astynda keşbini üýtgedýär-de, bizi ýalňyşlyga alyp gidýär?
4. Kimdir biri: «Şeýtan mesihä zeper ýetirip bilmez» diýipdir. Siz şu sözler bilen ylalaşýarmysyňyz? Bu barada Ýewreýlere hatda (11:32–39) näme diýilýär?
5. Şeýtanyň şu bapda gürrüňi edilen usullarynyň her birini ara alyp maslahatlaşyň. Onuň edýän hereketlerini öz töweregimizde görmek mümkinmi?
9-njy bap
DUŞMANYŇ STRATEGIÝASY
1 Petrus 5:8–9
Nädip aşakdaky mysallar şeýtanyň hereket etmeginiň usullarynyň nusgasy bolup biler?
• Ilatyň bir toparynyň beýleki bir toparyň garşysyna jynsparazlyk ýigrenjini döretmegi;
• Söweşmegi niýetine düwen dini toparlaryň mesihilere garşy zorluk etmeklige, gazaplanmaga we terrorçylyk etmäge öjükdirilmegi;
• Mesihileri şeýtanyň öz täsirini ýetirip bilmejek, olary imanda berkemäge kömek edip biläýjek adamlardan daşda saklamaklyga çalyşmagy;
• Öz aralarynda gatnaşyk saklap ýören mesihileriň arasyna tow düşürmegi hem-de bölünişik salmagy.
Bir syýasy sistema beýleki dolandyryş sistemasyna garanda «şeýtanydyr» diýip pikir etmek bolmaz. Her bir totalitar režim gözegçilik düzgünleriniň esasynda mesihilere we Ýygnaga gözegçilik edýär. Şeýlelikde, ruhy hassalygy islendik totalitar režimiň tapawutlandyryjy alamaty diýip atlandyrmak bolar.
Göni we zalym zorluk işleri mesihileriň özlerine gönükdirilende, olar özleriniň Mukaddes Ruh bilen gatnaşyklaryna doly baglylykda galýarlar.
Şeýtanyň aşakda agzalanýan daşky tärleri nädip mesihilere olaryň hyzmatynda päsgel berip biler?
1. Üzňelikde bolmalar we bölünişmeler
2. Millilik
3. Dünýewi ynsanperwerlik
4. Dini ylalaşyksyzlyk
a) Imana gelmegi gadagan etmek
b) Resmi taýdan bellenilen ýerlerde sežde etme
c) Gorkuzma
d) Ykdysady basyş
e) Gynamaklyk
f) Prozelitizm (öz ynamyňa çekmeklik)
5. Ideologiýa (kommunizm)
Nädip kommunistler aşakdaky dört täri mesihilere garşy ulandylar?
a) Güýçden düşürme
b) Haýbatlar
c) Täzeden öwretme
d) Ýalan aýyplamalar
6. Azar berilmäniň häzirki zaman usullary
Bütin dünýädäki mesihiler duşman tarapyndan täze, köplenç ýagdaýlarda çala göze ilýän usullar bilen gözegçilik edilýändigini özlerinde duýýarlar. Nädip mesihilere ykdysady basyş edip bolýandygyny düşündiriň (mysal üçin, Peru ýaly ýurtlarda Mukaddes Kitaby ýa-da mesihi edebiýatlary başga ýurda import edilende, beýleki hemme kitaplara, hatda, başga dinlere bagyşlanan kitaplara hem garanda, köp salgyt alynýar; beýleki ýurtlardan Bangladeşdäki ýygnaklara ynsanperwerlik kömegini eltmegi gadagan etmek; Indoneziýadaky mesihiler üçin giriş-çykyş rugsatnamasyny almak we ony uzaltmak kynçylyklary).
Doktor Jim Kanningem mesihiligi ýok etme maksady bolan yzarlama ýagdaýyny dört tapgyra bölüp bolýar diýip çaklaýar. Aşakda agzalanlaryň öz hyzmatyňyza nähili täsir edip biljekdigini düşündiriň:
Birinji tapgyr — ruhy görnüşlerden we umytdan mahrum etmek maksady bilen sizi manipulirlemek we aldamak üçin edýän pikirleriňize berilýän jogap edip atylýan haýbatlar.
Ikinji tapgyr — şaýatlyk etmegi we ynanmagy bes etmäge mejbur etmek maksady bilen sizi dymmaga we lapykeçlige düşmäge mejbur etjek bolup, aýdýan zatlaryňyza berilýän jogap hökmünde sygdyrmazlyk etmekdir.
Üçünji tapgyr — eliňizden duýgudaşlygy we söýgini almak maksady bilen, sizi gol astynda saklamak we ýeňlişe sezewar etmek üçin edýän zatlaryňyza jogap edip berilýän netijedir.
Dördünji tapgyr — ilkinji nobatda şahsyýet hökmünde ýok etmek üçin siziň barlygyňyza jogap edilip berlen ölümdir.
Adamlar tapgyrlaryň hemmesinde-de yzarlanmalara sezewar edilip bilner. Ýöne duşmanyň ahyrky maksady şollugyna — ölümligine galýar.
Nädip ýurtda ýuwaş-ýuwaşdan üç tapgyrdan durýan mesihileri yzarlama başlap biljekdigini düşündiriň:
• Ýalan maglumatlar;
• Hukuklaryň kemsidilmegi;
• Yzarlanmalar (ilki işjeň bolmadyk, soň hem işjeň bolan).
Rollarda türgenleşmek:
Döwlet bir ýylyň dowamynda bir karar işläp düzýär. Şol karara laýyklykda işlemäge rugsat berilmedik ýygnaklaryň hemmesi-de ýapylýar. Iň esasy zadam, mesihiler zallary kärendesine alma we jemgyýetçilik ýerlerinde duşuşma hukugyndan mahrum bolýarlar.
Siz hem şonuň ýaly rugsatnamasy bolmadyk ýygnagyň ýolbaşçysy. Öz ýygnagyňyzyň aman galmagy üçin siz nähili işleri edersiňiz?
Rollarda türgenleşmäni geçiriň. Soň hem şeýtanyň ýygnagyň garşysyna gönükdiren tärleriniň alty görnüşini-de ara alyp maslahatlaşyň. Her bir takyk ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Siziň ýagdaýyňyza meňzeş başga nähili ýagdaýlar bar? Ruhy goldawy almak üçin size aýratyn hem näme üçin dileg etmek gerek?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz nähili pikir edýärsiňiz, kommunistik döwletlerde ýygnak haýsy sebäbe görä şeýle güýçli ösdi, köp ýagdaýlarda-da köp sanly boldy?
2. Näme üçin resmi taýdan işleýän ýygnaklarda «infiltrasiýa» ýagdaýyny ýa-da bigäne elementleriň çozup girmesini bes etmek kyn bolýar? Näme üçin ýygnagyň çyn gatnaşyklary bu meseläniň hötdesinden netijeli gelip bilýär? Duşmançylykly şertlerde beýleki mesihilere nädip ynanyp we olaryň arasynda birligi saklap bolar?
3. Irki Ýygnak yzarlanma we bölünişme meselesiniň hötdesinden nädip geldi?
10-njy bap
ŞEÝTANYŇ JANY BERBAT EDÝÄN HEREKETLERI
Ýakup 4:7
Duşmanyň daşky tärini görmek gaty bir kynam däl, ýöne onuň ulanýan içki usullary göze ilmeýär. Köp ýagdaýlarda hem şol içki usullary öz maksadyna ýetmekde oňa peýdaly bolýar. Aşakdaky sanalyp geçilýän ýagdaýlaryň her birinde şeýtana nädip garşy durýandygyňyz hakynda gürrüň beriň:
1. Günä duýgusy
Näme üçin günä duýgusy adamyň garşysyna ulanylyp bilinjek peýdaly gural bolup bilýär?
Siz toba edilmedik günä duýgusy bilen nädip göreşýärsiňiz?
Resul Ýahýanyň Ylhamyna laýyklykda (12:11), mesihiler şeýtanyň aýyplamalarynyň garşysyna üç ýol bilen garşy çykyp bilerler: «Doganlarymyz Guzynyň gany saýasynda, eden güwälikleriniň sözi saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler».
Şu aşakdaky ýagdaýlary şeýtanyň günäkärlemelerine garşy nädip ulanyp bolýandygyny düşündiriň:
• Guzynyň gany
• Şaýatlyk sözi
• Gurban ediji söýgi
2. Ýalan günä duýgusy
«Siz näme üçin häkimiýetlere boýun bolmaýarsyňyz» diýen soraga nähili jogap berersiňiz?
Eger siz birden şübhelenseňiz we kelläňize: «Iş gününiň dowamynda agajyň aşagyndaky iki ýa-da üç adamyň üýşmekligine sežde diýip bolarmy?» diýen sorag gelse, oňa nähili jogap berersiňiz?
Mukaddes Kitap taglymatlaryna laýyklykda, biziň ýerdäki häkimleriň öňündäki jogapkärçiligimiz aşakdakylarda jemlenendir:
• sadyk bolmak;
• kanuna boýun bolmak;
• ýagşylyk etmek;
• häkimiýete hormat goýmak;
• kiçigöwünli we dostlugy söýüji bolmak;
• salgytlary tölemek;
• häkimiýete dil ýetirmezlik.
Nädip aşakda getirilen Mukaddes Kitap gahrymanlary «adamlara däl-de, Hudaýa boýun boldular» (Resullaryň işleri 4:19; 5:19)?
• Sedrah, Misah we Awdenago;
• Danyýel;
• Petrus we Ýahýa;
• Pawlus.
3. Gorky
Gorkularyň barysy çaklamalaryň üstünde gurulýandyr. Esasyna seredende gorky hakyky ýaly bolup görünýän ýalan zatlardyr.
Bizde agyr ýüklülik duýgusyny güýçlendirmek üçin şeýtan gorkyny nähili ulanýar?
Eger aşakdaky Mukaddes Kitapdan alnan dört esasda berk duranyňda, nädip gorkyny ýeňip bolýandygyny görkeziň:
• Filipililer 4:6–7 we Resullaryň işleri 27:23–25;
• Ýewreýler 10:32–39;
• Rimliler 8:28;
• Matta 10:28.
Aşakdaky erbet duýgulary nädip ýeňip bolýar:
• Agyr ýagdaýlardaky gorky
• Adalatsyzlyga we günä garşy çykyş etmeden gorkmak
4. Dürli dinleriň elementlerini garyşdyrma
«Sinkretizmiň ahyrky netijesinde azat jemgyýetlerde mesihiligi wagyz etmäni we beýleki dinlerden bolan adamlary mesihilige çekmegi gadagan edýän kanunlar peýda bolýar». Siz şeýle tassyklama bilen ylalaşýarsyňyzmy? Näme üçin?
1999-njy ýylyň oktýabr aýynda Watikanda dürli dinleriň wekilleri ýygnandylar. Bu toparyň içinde Rim Papasy, Dalaý-lama we ymam U.D. Muhammet hem bardy. Şaýatlar: «Delegatlaryň ilkibaşdan hemme dinleriňem hemme taraplaýyn hakykata eýedigi we diňe bir maksada barýan ýoldaky dürli ýollar bolup durýandygy barada pikirde bir agyzdan ylalaşandyklaryny bellemek diýseň ýakymlydyr» diýip çykyş eden bir induist aýalyň aýdan sözlerini ýatlaýarlar.
Merkantillik mesihiler üçin göze ilmeýän duzak bolýar, sebäbi daşky görnüşimizde mesihiligiň alamatlary bolsa-da, ýüregimizde doly materialist bolup galmagymyz mümkin bolýar.
Ozalky kommunistik, häzir hem azat ýurt bolan Rumyniýanyň bir ýygnak ýolbaşçysy şeýle diýýär: «Öz şahsy tejribämden bilýärin. Yzarlanmanyň kömegi bilen imany synalma duçar bolan mesihileriň togsan bäş prosenti bu synaga döz geler, ýöne imany baýlyk bilen synalma duçar bolan şol togsan bäş prosent mesihi oňa döz gelmez-de, yza çekiler». Näme üçin? Nädip bu dünýäniň baýlygyna bolan höwesiň üstünden ýeňiş bolar?
Hytaýyň ýygnak ýolbaşçylary günbatarly mesihilere şeýle haýyş bilen ýüzlendiler: «Haýyş edýäris, pul berme kararyna gelmeziňizden ozal, yhlasly dileg ediň. Pullary öý ýygnaklarynyň işleri bilen gatnaşyk saklamakda tejribesi bolan wagyzçylyk bilen meşgullanýan guramalaryň üsti bilen bermäge çalşyň. Mesihileriň şahsy mätäçlikleri üçin bolsa minimal mukdardaky puly beriň». Siz şeýle haýyş bilen ylalaşýarsyňyzmy? Näme üçin?
Üns beriň: şeýtanyň hüjümleri ýalan bilen gorkuzmalara daýanýar.
Rollarda türgenleşme:
Siz repressiw režimli ýurtda ýaşaýarsyňyz, puluňyzam az. Siziň ýurduňyzda Mukaddes Kitap we beýleki ruhy edebiýatlar ýetmezçilik edýär.
Günleriň birinde siziň ýygnagyňyzda päk ýürekli we dostluk söýüji ýaly bolup görnen daşary ýurtly bir adam peýda bolýar. Ol size Günbatardaky öz ýygnagynyň aýal doganlar bölümi ýaly bir ýygnak bolma şerti bilen size uly mukdardaky pul teklip edýär. Ol size eger täze ýygnaklary açyp bilseňiz, sahylyk bilen kömek puluny bermekligi wada berýär.
Maliýe serişdelerini ulanmakda berk hasabatlylygy üpjün etmek maksady bilen berijiler hökmünde bolşy ýaly, alyjylar hökmünde hem öz talaplaryny dogry düşündirmek üçin ýerli ýygnaklaryň ýolbaşçylary näme etmelidirler?
Kime pul berse bolar? Aýratyn bir adamamy ýa-da topara? Hasabat bermegiň nähili düzgünlerini bellemek bolar?
Rollarda türgenleşmeklige «Material zatlara bagly bolmaklygy nädip ýeňip geçmeli» diýen bölümde sanalyp geçilen teklipleri hem goşuň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hakyky günä duýgusyny ýalan günä duýgusyndan nähili tapawutlandyryp bolýar?
2. Eger siz günäleriňize toba etseňiz, hakyky günä duýgusyna näme bolýar?
3. Raýatlyk häkimliginiň ygtyýarlygynyň daşynda nähili hakykatlar ýatyr?
4. Siziň toparyňyzda irki Ýygnakda mesihileriň hemme zadynyň umumy bolandakysy ýaly durmuşda ýaşamak mümkinmi?
11-nji bap
RUHY URUŞ
2 Korintoslylar 10:4
«Hakyky urşa gatnaşýan mesihiler hökmünde biz öz ünsümizi bu urşuň arwah-jynly jähtinde jemlemeli däl-de, diri Hudaýda jemlemelidiris». Näme üçin bu biziň günlerimizde şeýle wajypdyr?
«Ruhy uruş hemmesinden beterem diňe partizançylyk urşuny hakydaňa getirýär». Bu tassyklama subutnamalar getiriň (Efesliler 2:6; 2 Korintoslylar 4:18-e seret).
Eger şeýtanyň esasy strategiýasy onuň bölmek we häkimlik etmek höwesinde jemlenýän bolsa, onda ol muňa nädip ýetýär?
Nädip jyn-arwahlar adama täsir etmäge kanuny hukuga eýe bolýarlar?
• Rimliler 3:9–12;
• Resullaryň işleri 19:18–19;
• Markus 9:17–27;
• Sanlar 14:18.
Resullaryň işleri 16:16–23-de gürrüň berlen taryhdan biz ruhy uruşdaky özümiziň rolumyz hakynda näme bilip bilýäris?
Matta 12:29 okaň. Eger ilki bilen «güýçlini» baglamasaň, onda adamy boşatmaga synanyşmagyň manysyzdygy hakynda Isa aýdanynda, Ol nämäni göz öňünde tutdy?
Şeýtana garşy Mukaddes Kitabyň şu aşakdaky aýatlaryny nädip ulanjakdygyňyzy (ýa-da ulanyp biljekdigiňizi) düşündiriň:
• Işaýa 62:6–7;
• 2-nji Ýyl Ýazgylar kitaby 20:21–22; Zebur 68:1–36;
• Ylham 12:11;
• Zebur 84:1–4;
• Ýakup 4:7;
• Resullaryň işleri 16:16–40.
Rollarda türgenleşmek:
Siz gatnaşýan toparyňyzda dileg edýärsiňiz. Birden oturanlaryň arasynda biri jyn eýelän adam bolup çykýar. Siz näme edersiňiz? Şol betbagty boşadyp çykyp gitmegini şeýtandan uzak wagtlap talap edip durmakçymy?
Eger bu meseläni özüňiz çözüp bilmeseňiz, onda kimi kömege çagyrarsyňyz? Pidanyň arwahdan doly saplanmagy üçin göreşeniňe degýärmi?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz ruhy urşuň çynlakaýlygyna doly akyl ýetirýärmisiňiz? Bu meselä düşüniş derejesini beýgeltmek üçin siz we siziň toparyňyz näme edip bilersiňiz?
2. Siz öz sebitleriňizde näçe sany şeýtançynyň bardygyny bilýärsiňiz? Siziň gatnaşýan toparyňyzyň beýleki agzalary-da olar barada bilýärlermi? Bu maglumat siziň bilelikde dileg etme durmuşyňyzy nädip üýtgedip biler?
3. Mesihide şeýtanyň güýjünden gorkmagyna esas barmy?
IV-NJI BÖLÜM
Mümkinçilikler we resurslar
12-nji bap
HUDAÝYŇ ÄHLI ÝARAGLARY
Efesliler 6:11
Biziň duşmany ýeňip, Öz Patyşalygy üçin beýik ýeňşi gazanarymyz ýaly, Hudaý bizi hyzmatkär esgerleri hökmünde ruhy ýaraglary we ähli resurslary bilen doly üpjün edýär.
Özüňiziň ruhy ýaraglanmaňyzyň her bir böleklerini barlaň we şu günki ýagdaýyňyzda ulanmagyňyz üçin her bir bölegi «nädip geýýändigiňizi» düşündiriň.
• Hakykat guşagy
• Dogrulyk sowudy
• Parahatlyk köwşi
• Iman galkany
• Gutulyş tuwalgasy
Efeslilere hatyň 6-njy babynda getirilen we ruhy taýdan hüjüm ediji ýaragy göz öňünde tutýan Hudaýyň ýaraglarynyň iki görnüșine giňişleýin seredip geçiň.
• Ruhuň gylyjy
• Dileg
Rollarda türgenleşmek:
Öz toparyňyzda rim esgeriniň ýaraglaryň hemme böleklerini dakynyş ýagdaýyny sahnalaşdyryň-da, esgeriň olary ulanyşyny janlandyryp görkeziň. Bölekleriň islendik biriniň bolmadyk ýagdaýynda ejiz bolýandygyňyzy oýnuňyzda görkeziň. Hemmäňiz bilelikde ruhy ýaragyň her bir görnüşiniň ulanyş giňişligini ulaldyň. Öz gatnaşýan toparyňyzyň we ýygnagyňyzyň ruhy mätäçlikleri üçin dileg etmeklige wagt goýuň. Şeýle hem, bütin dünýädäki yzarlanylýan ýygnaklardaky mesihileri-de ýatlaň.
Şahsy ýumuşlar:
1. Şamuweliň 1-nji Kitabynyň 17-nji babyny okaň we ruhy urşy alyp barmanyň şu kitapda gabat gelýän düzgünlerini sanaň.
2. Efeslilere hatyň 6-njy babynda gürrüňi edilýän Hudaýyň ýaraglarynyň her bir elementini Dawudyň nädip ulanandygy barada bilelikde gürrüň ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hudaýyň ýaraglarynyň her bir elementini öz durmuşyňyzda nädip ulanýandygyňyzy gürrüň beriň.
2. Durmuşda Hudaýyň ýaraglaryny ulanýandygymyza nädip ynamly bolup bolar?
3. (Harby enjamlaryň we rim esgeriniň ýaragyndan başga) Häzirki zaman medeniýetinden alnan haýsy keşbi ruhy goragy we ruhy uruşda güýç görkezmäni düşündirmek üçin ulanyp bolar?
Mysal üçin, Hindistanda mesihiler güýçli urgy etmäge taýýar bolan kriketçiniň keşbini teklip edýärler. Kanadada özüne tarap güýçli tizlik bilen uçup gelýän şaýbany tutmaga taýýar bolan hokkeý komandasynyň derwezeçisini ulanýarlar. Ýaponiýada bu keşp özüni oýun wagtynda goraýan eşik geýen beýsbolça berlipdir.
4. Aşakdaky soraglara jogap beriň:
• Biz pikirlerimizde we edýän işlerimizde hemişe hakykatda ýaşaýarysmy ýa-da bu babatda özümiziň aldanmagymyza ýol berip, beýlekileri hem aldaýarysmy?
• Biz özümizi Hudaýyň dogrulygy bilen örtýärismi ýa-da şahsy düzgünlerimiz boýunça ýaşaýarysmy?
• Biz özümiziň gutulandygymyza bolan ynam bilen parahatçylykda ýaşaýarysmy?
• Biz işjeň parahatçylyk getirijiler bolmaga taýýarmy?
• Biz iman bilen hereket edýärismi ýa-da gorky bilen?
• Biz Hudaýyň sözlerini ulanýarysmy ýa-da öz sözlerimizi?
• Biz Mukaddes Ruhuň güýjünde dileg edýärismi ýa-da dileglerimiz ýüzleý hem egoistikmi?
• Biz töweregimizdäki söweş meýdanlarynda bolýan zatlary duýýarysmy ýa-da başga bir zatlara üns berýarismi?
• Beýleki mesihiler hem özümiz bilen bile söweşer ýaly we özleriniň ýeke däldiklerini biler ýaly, olary Ruhuň güýjünde berkidip, ýerlerinden turuzyp, ruhlandyrýarysmy?
13-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: MUKADDES RUH
Luka 11:13
Şeýtany ýeňmek üçin Hudaý Öz Ýygnagyna üç sany hüjüm ediji ýaraglaryny berdi: olar Mukaddes Ruh, Mukaddes Kitap we dilegdir.
Isa bizi ýalňyz goýmajagyny, özümiz bilen hemişelik boljak Göwünlik Berijini kömek etmek üçin goýberjekdigini aýdypdy (Ýahýa 14:16–18 seret). Ol şeýle hem, Mukaddes Ruhuň bize öwretjekdigini-de aýdypdy (Ýahýa 14:26 seret). Soň Isa Mukaddes Ruhy hakykat Ruhy diýip atlandyrdy (Ýahýa 14:17 seret). Mukaddes Ruh imanly adamyň durmuşynda şeýle bir hakyky welin, hatda Onuň ýerine ýetirýän işlerini we alamatlaryny sanamak-da peýdaly bolardy. Boş galdyrylan ýerleri Mukaddes Ruhuň işleri we alamatlary bilen dolduryň:
• Ol _________________________________________________ girewidir (Efesliler 1:14)
• Ol _________________________________________________berýär (Ýahýa 14:16)
• Ol _________________________________________________ edýär (Ýahýa 16:8)
• Ol _________________________________________________(Ýahýa 14:26)
• Ol _________________________________________________ (Ýahýa 14:26)
• Ol _________________________________________________edýär (Ýahýa 15:26)
• Ol _________________________________________________(Ýahýa 16:13; Riml 8:14)
• Ol Isadan __________________________________berýär (Ýahýa 16:14; Luka 2:26)
• Ol Mesihi _________________________________________________ (Ýahýa 16:14)
• Ol ____________________________________________________berýär (Resul işl. 1:8)
• Ol ________________________________________________gürleýär (Resul. işl. 4:31)
• Ol ___________________________________________________gürleýär (Ýahýa 16:13)
• Ol _______________________________________________________ edýär (Riml. 8:16)
• Ol bizi _________________________________________________ (Riml. 8:26)
• Ol _______________________________________________________ edýär (Riml. 8:26)
• Ol ________________________________________________berýär (1 Korint. 12:4–11)
• Ol __________________________________________________(Titus 3:5)
• Ol _________________________________________________goýýar (Efes. 1:13)
• Ol _________________________________________________öndürýär (Galat. 2:22)
Biziň durmuşymyz Hudaýyň keramatyndan, Mesihde ýokardan dogulmagymyzdan başlandy we munuň ýaly durmuşyň diňe Hudaýyň kömegi bilen dowam etjegine garaşyp bilýändiris.
Mukaddes Ruhuň işleriniň we alamatlarynyň ýokardaky sanawyndan Mukaddes Ruhuň dini azatlygyň çäklendirilen ýurtlarynda ýygnak üçin binasynyň ýa-da resmi taýdan bellenilen ýygnak ýolbaşçysynyň bolmadyk imanlylaryň hatyrasy üçin amala aşyrjaklarynyň aşagyny çyzyň.
Siz Mukaddes Kitapdan Mukaddes Ruh hakynda näme bilýärsiňiz?
• Ol _________________________________________________(Gelip çykyş 1:2)
• Ol _________________________________________________(Ýewreýler 9:14)
• Ol________________________________ýaşaýar (1 Korintoslylar 3:16; Rimliler 8:9)
• Ol ______________________________________________ terk etmeýär (Ýahýa 14:16)
• Onuň barlygy ___________________________ýüze çykýar (Galatýalylar 5:22–23)
• Ol _____________________________________güýç berýär (Ýakup 4:7; Luka 9:1–2).
Aşakdaky Mukaddes Kitap bölekleri bize nämäni öwredýär?
• Efesliler 4:7, 11–12
• 1 Korintoslylar 12:1, 7:11
• 1 Petrus 4:10
Rollarda türgenleşme:
Siz kiçijik ýygnanyşygyňyz bilen Mukaddes Ruhuň işlerini gaýtalaýarsyňyz we şol işleri özüňiziň gündelik durmuşyňyzda ulanyşyňyz baradaky mysallaryňyzy paýlaşýarsyňyz. Şol işleri sanamakdan başlaň. Araňyzda soňky birnäçe günüň dowamynda haýsydyr bir takyk ýagdaýlarda Mukaddes Ruhuň özüne teselli bermesini aýdyň duýan adamyň barmy diýip soraň. Durmuşynda şu zatlara degişli bolan takyk ýagdaýlar barada özüňize gürrüň bermeklerini mesihilerden haýyş ediň. Mukaddes Ruhuň ähli işleriniň amala aşýanyny näme üçin görmeýändiklerini ara alyp maslahatlaşyň. Durmuşyňyzyň her bir ulgamyna Mukaddes Ruhuň gözegçilik etmegi üçin dileg ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Hudaýy Şahsyýet hökmünde, Özüni üç Şahsyýetde açan Hudaý hökmünde kabul etmegimize şeýtan elinde baryny edip garşy çykýar. Siz şu taglymata garşy durmanyň haýsy takyk mysaly barada gürrüň berip bilersiňiz? Mesihi doganlarymyza bu taglymata düşünmäge nädip kömek etse bolar?
2. Mukaddes Ruhuň haýsy işleri siziň üçin aýratyn wajyp bolup görünýär?
3. Öz durmuşyňyzyň haýsy ulgamynda Mukaddes Ruhuň işleýänine düşünişiňizi gürrüň beriň.
4. Mukaddes Ruhuň sylaglaryny ýene bir gezek sanap çykyň. Siziň pikiriňizçe, toparyňyzdaky agzalarda haýsy sylaglar bar? Özüňizde haýsy sylag bar?
5. Mukaddes Ruhuň işiniň miwelerini sanaň. Mukaddes Ruhuň miweleriniň öz durmuşyňyzda ýüze çykýandygyny nädip düşündirip bolar? Şol miweler sizde görünýärmi? Siziň kiçijik ýygnagyňyzda görünýärmi?
14-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: MUKADDES KITAP
2 Petrus 1:20–21
Näme üçin mesihiler Mukaddes Kitaba edil özleriniň ruhy ýaraglanmalarynyň bir bölegi kimin mätäçdirler?
Boş galdyrylan ýerleri degişli sözler bilen dolduryň:
Mukaddes Kitap — bu Hudaýyň ______________________ Özi we Özüniň adamlar bilen ______________________________ beren ___________________________. Ol diňe bir Hudaýyň _______________________ baradaky ylham bolman, eýsem, Onuň _______________________________ hem bolup durýandyr. Eger Hudaý Özüni ______________________ bolsa, onda adamlar biziň beýik Hudaýymyza hiç haçan hem düşünip bilmezdiler.
Näme üçin şeýtan Mukaddes Kitap babatda gaharjaň ýigrenji duýýandyr?
Näme üçin repressiw döwletler Mukaddes Kitaby ýigrenýärler?
1. Mukaddes Kitaby okamak, öwrenmek we ol barada pikirlenmek
Ýazgyny durmuşda ulanmak üçin biziň özümize üç sany esasy soragy bermegimiz gerekdir:
• Bu aýatlar özüniň ilkinji diňleýjileri üçin näme äňladypdyr?
• Olarda wagta bagly bolmadyk nähili düzgün gizlenipdir?
• Men şol düzgünleri durmuşda nirede we nädip ulanyp bilerin?
Ine, Mukaddes Kitap aýadynyň ýa-da parçasynyň üstünde oýlanmagyň alty sany takyk ýoly:
• Ony pikiriňizde göz öňüne getiriň! Onda suratlandyrylýan sahnany pikiriňizde janlandyryň.
• Ony aýdyň! Ony gaty ses bilen aýdyň. Her gezekde-de dürli sözleri aýratyn belläp aýdyň.
• Ony gürrüň beriň! Öz berjek gürrüňiňizi ýazyň.
• Ony oýnaň! Gahrymanyň adyny öz adyňyz bilen çalşyň.
• Onuň üçin dileg ediň! Aýady dilege öwrüň-de, ol barada Hudaýa gürrüň beriň.
• Ony derňäň! Oňa aşakdaky soraglary beriň:
• Bu aýat meniň toba etmedik günämiň bardygynyň üstüni açýarmyka?
• Bu aýat meniň özi üçin dileg edip biläýjek wadamyň bardygyny görkezmeýärmikä?
• Bu aýat maňa özümiň üýtgetmeli bolan häsiýetlerimi görkezmeýärmikä?
• Onda özümiň ýerine ýetirmeli bolan buýruklarym ýokmuka?
• Onda özümiň eýermeli bolan göreldelerim ýokmuka?
• Onda meniň dileg etmeli zadym ýokmuka?
• Onda meniň gaça durup biläýjek ýalňyşlarym görkezilmedimikä?
• Onda meniň ynanmaly bolan hakykatlarym ýokmuka?
• Onda meniň Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli zadym ýokmuka?
2. Mukaddes Kitaby ýatda saklama
Bir kagyz sahypa özüňiziň ýat tutjak aýatlaryňyzyň ählisini ýazyň. Ýatlamak üçin ýazan aýatlaryňyzyň sanyny bir dollara köpeldiň. Şeýle etmek bilen siz özüňiziň mukaddes kitap hazynaňyzyň «bahasyny» hasaplap bilersiňiz. Öz hasabyňyzy Mukaddes Kitabyň ähli aýatlarynyň «bahasy» bilen deňeşdiriň: 31 102 000 dollar.
Ine, Mukaddes Kitaby «gizlin» ýaýratmak boýunça ulanylan birnäçe tejribeler. Olary yzarlanylan Ýygnagyň mesihileri örän agyr şertlerde ulanypdyr.
• Mukaddes Kitaby tutuş bir kitap däl-de, böleklere bölünen görnüşde ýaýratmak aňsatdyr.
• Mukaddes Kitabyň nusgalaryny ondan bölekleri göçürip alyp, olary beýleki mesihileriň arasynda ýaýratjak adamlara beriň.
• Repressiw režimli ýurtlaryň hemmesiniň häkimiýetleri ýurduň içindäki ähli poçta üsti bilen goýberilýän hatlary barlap durýan däldir. Ýazgynyň birnäçe mukdardakysyny poçtanyň üsti bilen iberip bolar. Goýberilýän nusgalar islendik konselýär dükanyndan satyn alyp bolaýjak kagyza el bilen ýazylan bolmalydyr.
• Mukaddes Kitap audio ýazgylaryny ulanmaklyk köp şübhe döredip durmaz, ylaýta-da, tekst saza goşulan bolsa howpsuz bolar.
• Kompýuteri bar bolan adamlar Mukaddes Kitaby disketlerde ýa-da lazer disketlerinde saklap bilerler.
Rollarda türgenleşmek:
Siziň toparyňyz bir otaga ýygnanýar. Ol ýere Mukaddes Kitap getirmäge siz rugsat bermeýärsiňiz. Goý, gelenleriň hemmesi Ýazgydan ýat tutan aýatlaryny kagyza ýazsyn. Ondan soň siz olaryň ýazan aýatlaryny Mukaddes Kitapdaky asyl nusga bilen deňeşdirersiňiz. Iň soňunda siz Mukaddes Kitapdan näderejedäki uly parçany aldyňyz? Geçirilen synagyň netijesini ara alyp maslahatlaşyň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Siz haçan hem bolsa Mukaddes Kitap tankydyny eşidipmidiňiz? Mesihi muňa nähili garamaly?
2. Isa Mesihiň köneäht Ýazgylaryny wajyp hasaplandygyna nädip ynamly bolup bolar?
3. Mukaddes Kitap aýatlaryny ýatda saklamak bize nämä gerek?
4. Mukaddes Kitaby uly böleklerde ýat tutmak boýunça düzülen meýilnamalar esasy aýatlary ýat tutmaklygy teklip edýärler. Ýöne tutuş baplary ýat tutmaklyk näme üçin wajypka?
5. Eger birden Ýazgynyň gadagan edilen ýurduna düşseňiz, onda Mukaddes Kitabyň nusgasyny nädip saklap galardyňyz?
15-nji bap
HUDAÝYŇ GOLDAWY: DILEG
Koloseliler 4:2
Dilegiň nämedigini siz ýaňy iman edene nädip düşündirersiňiz?
Haçan we nädip dileg etmelidigi hakynda Mukaddes Kitabyň aşakdaky bölekleri bize näme diýýär?
• Hudaýa öwgi we şükür bilen ___________________________________ dileg ediň (1 Ýyl ýazgylar kitaby 29:10–13);
• Günäleri boýun alma we toba bilen ________________________________ dileg ediň (2 Ýyl ýazgylar kitaby 7:14);
• Arassa _______________________ we niýetler bilen dileg ediň (Zebur 66:18–20);
• ___________________________________________ dileg ediň (Matta 6:6);
• Bize ___________________________________ öwredişi ýaly dileg ediň (Matta 6:9);
• Hudaýyň ______________________________ laýyklykda dileg ediň (Ýahýa 15:7);
• _________________________________________ dileg ediň (Rimliler 12:12);
• _______________________________________ dileg ediň (Filipililer 4:6);
• Oýa bolup ____________________________________ dileg ediň (Koloseliler 4:2);
• ______________________________________________ dileg ediň (1 Celanikliler 5:17);
• Arassa _______________________________ galdyryp dileg ediň (1 Timoteos 2:8);
• Betbagtçylykda dileg ediň, ___________________________ dileg ediň (Ýakup 5:13–16);
• Öz _____________________________________________ parasatly gatnaşyklaryňyzyň esasynda dileg ediň (1 Petrus 3:7);
• ________________________________________________________________ bilen dileg ediň (1 Petrus 4:7);
• Hudaýyň ___________________________________________ bilen dileg ediň (Ýahýa 5:14–15);
• _____________________________________________ dileg ediň (Ýahuda 1:20).
Isanyň Öz şägirtlerine beren nusgawy dileginiň alty bölegi nähili? Olaryň her birini edil ýaňyja iman edene düşündirişiňiz ýaly edip düşündiriň.
1. Öwgi
«Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun».
2. Maksat
«Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn».
3. Üpjün etme
«Gündelik çöregimizi bize şu gün ber».
4. Ötünç
«Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç».
5. Adamlar
«Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly…»
6. Gorag
«Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et».
1. Wadalary ýada salyp dileg ediň
Dileg babatdaky aşakdaky wadalary düşündiriň:
• «Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin» (Ýahýa 14:13)
• «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» (Matta 7:7)
• «Meni çagyr, Menem saňa jogap bererin, seniň bilmedik beýik hem elýeter bolmadyk zatlaryňy görkezerin» (Ýermeýa 33:3).
2. Mukaddes Ruhuň sesine gulak asyp dileg ediň
Näme üçin Hudaýy diňlemeklik dilegiň gaty wajyp bölegidir?
3. Belli bir haýyşlaryňyzyň ýerine ýetjegine bolan ynam bilen dileg ediň
Dileglerde takyk bolmaklyk näme üçin şeýle wajyp?
Takyk dileg etmeklik baradaky aşakdaky tabşyryklara üns beriň:
• ___________________________ parahatlyk diläň (Zebur 122:6);
• Sizi ______________________________ üçin dileg ediň (Matta 5:44);
• Ýamanlykdan _______________________ üçin dileg ediň (Matta 6:13);
• Mesihileriň bütin dünýäde _________________üçin dileg ediň (Matta 9:37–38);
• ____________________ üstünden ýeňiş üçin dileg ediň (Matta 26:41);
• ______________ goragy, mukaddesligi we birligi üçin dileg ediň (Ýahýa 17);
• Ähli _________________________________________ üçin dileg ediň (Efesliler 6:18);
• Bütin dünýäde ______________________________ üçin dileg ediň (2 Selanikliler 3:1);
• _________________ mesihi ýolbaşçylary üçin dileg ediň (2 Selanikliler 3:2);
• Ähli _________________________ üçin dileg ediň (1 Timoteos 2:1–7);
• Ruhy ______________________________ üçin dileg ediň (Ýakup 1:5);
• Öz durmuşynda ________________________ dogan üçin dileg ediň (1 Ýahýa 5:16).
Biziň dileglerimize Hudaýyň berip biljek jogaplarynyň aşakdaky dört usulyna üns beriň:
• Öz adynyň hatyrasyna soran ähli zatlarymyzy berip bilýär;
• eden haýyşlarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ony yza çekip bilýär (hemme zady başyndan ahyryna çenli diňe Ol görüp bilýär);
• boýun towlap, «ýok» diýip bilýär, sebäbi biz özümize gerek däl zady soraýarys;
• başga, has gowrak jogaby berip bilýär.
Aşakdaky dileg üçin nähili böwetleri Mukaddes Kitap agzaýar:
• Egoistik _____________________________________ bilen edilen dileg (Ýakup 4:3);
• _________________________ toba edilmän ýagdaýyndaky edilen dileg (Ýahýa 9:31);
• Hudaýyň _____________________________ boýunça edilmedik dileg (Ýermeýa 14:10–13);
• Hudaýyň ______________________ jogap berilmän edilen dileg (Süleýmanyň pähimleri 1:24–33);
• _____________________________ jogap berilmän edilen dileg (Süleýmanyň pähimleri 21:13);
• Elleriň ___________________________________ bilen doly ýagdaýynda edilen dileg (bu adam öldürmeklige barabardyr) (Işaýa 1–15);
• Haram ýa-da _________________________________ dileg (Eýýup 27:8);
• ____________________________ adamlar üçin edilen dileg (Eýýup 35:12);
• ____________________________ adamlar üçin edilen dileg (Luka 18:9–14);
• Hudaýyň halkynyň _______________________________ üçin edilen dileg (Zebur 18:41–42).
Köp toparlardan ybarat bolan dünýädäki iň uly ýygnagyň runy çopany doktor Ço hem dilegiň uly ähmiýeti barada köp gürrüň berýär. Koreýadaky ösüp barýan ýygnagyň ruhy çopany bolan Ço gün içinde hiç bolmanda bäş sagat hökman dileg etmek gerek diýip hasaplaýar.
Ol dilegi — takyk maksatly dileg we gatnaşyk dilegi diýen — iki görnüşe bölýär. Görnüşleriň ikisi-de wajyp, ýöne belli bir maksada gönükdirilen dileg agyr zähmet bolýar hem-de köp güýç sarp edilmegini talap edýär. Ine, takyk maksatly dilegiň yzygiderliligi:
• takyk maksady goýuň-da, bar ünsüňizi şonda jemläň;
• ýönekeý sözleri ulanyň;
• öz ýüregiňiziň bar duýgusydyr güýjüni bir ýere toplaň;
• tutanýerli boluň (Luka 18:1–8 seret).
Gatnaşyk dilegi bilen takyk maksatly dilegiň arasyndaky tapawudy düşündiriň.
Yzarlanylýan Ýygnagyň özleşdirmeli bolan ýene-de bir beýik sapaklarynyň biri-de, özlerini yzarlaýanlar üçin dileg etme wajyplygynda jemlenendir. Özüňiziň iň esasy «yzarlaýjyňyzy» kesgitläň. Bu adam hakyndaky dilegiňizi ýazyň:
Aşakdaky Mukaddes Kitap faktlaryna üns berň:
• Musa kyrk günden iki gezek oraza tutdy (Çykyş 34:28 seret);
• Danyýel ýigrimi bir günüň dowamynda oraza tutdy (onuň orazasy bölekleýin bolupdy) (Danyýel 10:3 seret).
• Ýowel imanly adamlary oraza gününi bellemeklige çagyrdy (Ýowel 1:14; 2:12 seret);
• Ezra oraza we agy wagtynda ýekelikde boldy (Ezra 10:6 seret);
• Ylýas kyrk günüň dowamynda oraza tutdy (1 Patyşalyklar 19:8);
• Antakiýadaky ýygnagyň ýolbaşçylary oraza tutdular (Resullaryň işleri 13:2–3 seret);
• Isa kyrk günüň dowamynda oraza tutdy (Luka 4:2 seret);
• Pawlus bilen Barnabas oraza tutdular (Resullaryň işleri 14:23; 27:33 seret).
Orazanyň dürli görnüşleri barmy?
Aşakdaky orazalaryň arasynda tapawut barmy?
• Adaty;
• Doly;
• Bölekleýin.
Oraza döwründe şu maslahatlary ýadyňyzda saklaň.
Bill Braýtyň geljekki ruhy galkynyş we Amerikany oraza tutmaga, dileg etmäge we Hudaýy agtarmaga çagyryşy baradaky kitabynda (Bill Bright, The Coming Revival — America’s Call to Fast, Pray and Seek God’s Face) şeýle tassyklanylýar, ýagny her ýekşenbe ýygnaga gatnaýan ýüz million amerikanlylaryň 50%-i özleriniň halas bolandyklaryna ynamly däl: 95%-i Mukaddes Ruhuň şahsyýeti we Onuň hyzmaty bilen asla tanyş däl: Amerikadaky imanlylaryň diňe 25%-i beýleki adamlar bilen hemişe özleriniň Isa Mesihe bolan imanlary bilen paýlaşýarlar (sah. 65).
Bu dogrudanam şeýlemikä? Dogrudanam biz özümizi daşdan mesihiler ýaly edip görkezip, iş ýüzünde bolsa ikigöwünlilik, ikiýüzlülik we biwepalyk ýaly üç sapakdan dokalan durmuşy alyp baryp, dünýewi ahlak we kada-kanunlary bilen doly sazlaşykda ýaşaýandyrysmy? Biz näme etmeli?
«Doktor Billi Grem şeýle diýýär, ýagny onuň geçiren barlaglaryna laýyklykda, Amerikadaky imanlylaryň azyndan 90%-i utulyş durmuşy bilen ýaşaýarlar»: (The Coming Revival, sah. 192).
Hytaýdaky Ýygnagyň sany çalt ösmeklik bilen ýüz million adama ýetip gelýär, bu bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilatynyň ýarysyna barabardyr. Bu işini, syýasy ýagdaýyny, saglygyny, maşgalasyny, umuman, Günbatarda gymmat tutulýan zatlaryň baryny howp astyna salmaga taýýar bolan Hudaýa wepaly ynanýan adamlardyr. Hytaýly imanlylar üçin ilkinji orunda dileg, Hudaýyň Sözi, şaýatlyk we Mukaddes Ruhdan dolmaklyk durýar. Nähili pikir edýärsiňiz, näme üçin şeýle?
Işaýa pygamberiň kitabynyň 53-nji babynda pygamber Hudaý üçin ýakymly bolan hakyky oraza hakynda gürrüň edýär. Şeýle orazada iýmitde saklanmaklyk bilen bilelikde adalatsyzlyga-da gönükdirilen rehimdarlyk we gulak asyjylyk beýan edilýändir.
Orazanyň fiziki taýdan artykmaçlyklary (boş galdyrylan setirleri dolduryň):
• ______________________________ bedeniň arassalanmagyny üpjün edýär;
• Iýmit siňdiriş we dem alyş sistemesy, şeýle-de, gan aýlanyş sistemasy üçin fiziologik __________________________ rugsat berýär;
• Organizmi etbet ____________________ arassalaýar;
• __________________ peseldýär we gan akdyryş we limfatiki sistemalaryny arassalaýar we ____________________;
• Bütin bedeniň __________________________________ getirýär.
Galdyrylan sözler: dynç, agram, galyndylar, zäherli zatlar (toksinler), täzelenme.
Orazanyň ruhy taýdan artykmaçlyklary (boş galdyrylan setirleri dolduryň):
• Hudaýyň barlygynda __________________ bolmagyň wagty;
• Öz-özüňi Hudaýyň alnynda dilegde ___________________________;
• Ruhy duýgurlygyň, oýalygyň we _______________________________ derejesini galdyrylmagy;
• Hususy niýetleriňi, maksatlaryňy we ________________________________ _________________ barlamagyň wagty.
Galdyrylan sözler: gymmatlar, boýun bolma, ýekelikde, tapawutlandyrmak.
Rollarda türgenleşmek:
Siz bir toparyň ýolbaşçysy, şonuň üçin hem oraza tutup dileg etmeli güni meýilleşdirýärsiňiz. Özüňize we toparyňyza has bähbitli bolup biläýjek dürli usullary ara alyp maslahatlaşyň we meýilleşdiriň. Ýokarda sanalyp geçilen teklipleriň hemmesini ýerine ýetirmek mümkin bolar ýaly ýerde duşuşyp, bile dileg etmekligi meýilleşdiriň. Goý, takyk mätäçlikler üçin dileg eden mahalyňyz Mukaddes Ruhuň sylaglary görünsin.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
1. Biziň dileglerimiz haýsy sebäbe görä netijesiz bolup biler?
2. Pawlus bize «dyngysyz doga (dileg) etmekligi» buýruk berende, nämäni göz öňünde tutdy (1 Selanikliler 5:17)? Munuň ýaly etmek mümkinmi?
3. Dileg mätäçliklerini ýazmaklyk nädip biziň imanymyzy berkidip biler? Siz özüňiziň dileg mätäçlikleriňizi ýazmaga taýýarmy?
4. Hudaýyň öz dilegleriňize jogap beren gezegi boldumy? Olar barada gürrüň beriň.
5. Dilegleriňize jogap berilmezligine ýa-da öz garaşyşyňyzdan başgaça jogap berilmegine nähili garamaly?
Bellik:
Ol bir zatlar etmek üçin güýç diledi,
Ýöne sabyrlylyk üçin ejizlik aldy.
Ol beýik işleri etmek üçin saglyk diledi,
Ýöne beýik temalar üçin kesel aldy.
Ol adamlary ýeňmek üçin ygtyýar diledi,
Ýöne Hudaýy gözlemegi üçin güýçsüzlik aldy.
Ol aladasyz bolmak üçin baýlyk diledi,
Ýöne paýhasly bolary ýaly, garyplyk aldy.
Ol durmuşda şatlanar ýaly, hemme zady diledi,
Ýöne hemme zada şatlanar ýaly, ýaşaýyş aldy.
Ol dilän zatlarynyň hiç birini-de almady.
Ol umyt eden zadyndan-da has uly zady aldy.
Ol dilegine jogap aldy!
Ol ak pataly adam boldy!
V-NJI BÖLÜM
Taýýarlyk
16-njy bap
DOGRULYKDA ÖSMEK
1 Korintoslylar 9:25
Mukaddes Kitap bütewiligini saklamak üçin, geliň, taýýarlama düşünjesine, Hudaýyň gönükdirmesine gulak asyjy we duşmanyň hilelerine garşy durmaga ukyply bolar ýaly, adamyň terbiýelenme döwrüni geçýän öňden ýazylan ýa-da öňden taýýarlanylan dogrulyk kursy hökmünde garalyň.
Bagtlylygyň sekiz tabşyrygynyň hemmesi-de, «bilimi», munuň netijesinde hem «ýerine ýetirmegi» aňladýan manysynda iki taraplaýyn tebigata eýedir. Hudaýyň erki boýunça özüňiziň nämäni bilip, näme etmelidigiňizi her bir tabşyrygyň gapdalynda ýazyň:
«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr» (Matta 5:3).
«Aglaýanlar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler» (Matta 5:4).
«Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar» (Matta 5:5).
«Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki doýup-ganarlar» (Matta 5:6).
«Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» (Matta 5:7).
«Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler» (Matta 5:8).
«Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Matta 5:9).
«Dogrulyk yzynda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr. (Matta 5:10).
1. Kiçi toparlara bölünip, şu bapda teklip edilen sapagy ara alyp maslahatlaşyň. Bagtlylyk tabşyryklarynyň haýsysy durmuşda ulanmak üçin kyn bolýar?
2. Demirgazyk Koreýadaky gizlin ýygnagyň mesihileri özleriniň gizlin ýygnaklarynda Rebbiň dilegi bilen birlikde aşaky bäş düzgüni hem labyzly okaýarlar:
• Biz yzarlamalary şatlyk hem hormat bilen başdan geçirýäris.
• Biz kemsitmeleri, üstümizden gülünmeleri we mahrum edilmeleri Isanyň hatyrasyna kabul etmek isleýäris.
• Biz beýlekileriň gözýaşlaryny süpürmek we ejir çekýänlere teselli bermek isleýäris.
• Biz ýakynlarymyzyň hem mesihi bolmaklary üçin olara bolan söýgimiz sebäpli şirin janymyza töwekgelçilik etmäge taýýar bolmak isleýäris.
• Biz öz durmuşymyzy Hudaýyň Sözünde görkezilen mysallara laýyklykda ýaşamak isleýäris.
Bu mesihileriň dogrulykdaky durmuşa nähili taýýarlanandyklary barada gürrüň ediň.
3. Mukaddes Fransiske degişli edilýän aşaky dilegiň elementleri barada gürrüň ediň.
PARAHATLYK ÜÇIN DILEG
Ýa Reb! Meni parahatlyk dörediji ýaragyň et.
Maňa ýigrenç bar ýerde söýgi ekmäge,
Agyry bar ýerde bagyşlamaga,
Ýalňyşlyk bar ýere hakykaty eltmäge,
Şübhe bar ýere iman eltmäge,
Lapykeçlik bar ýere umyt eltmäge,
Tümlük bar ýere nur eltmäge,
Gussaly ýere şatlyk eltmäge
Rugsat ber.
Ýa, Hudaý Perwerdigär!
Özüm teselli gözlemän, başgalara teselli berip bilmegi,
Özüme düşünilmegini gözlemän, başgalara düşünmekligi,
Özüme söýgi gözlemän, başgalara söýgi sowgat bermekligi
Sowgat ber, çünki biz bersek gazanýarys,
Bagyşlamada bagyşlanma tapýarys.
Özümiz üçin ölmek bilen baky durmuşa dogularys.
Omyn.
4. Mukaddes durmuşda ýaşamak isleýän adama nähili kynçylyklar garaşýar? Häzirki zaman durmuşynda ulanmak üçin mukaddesligiň haýsy ugurlary kyn bolýar?
5. Parahatlygyň dowam etmegi, ýurduňyzdaky dürli halklaryň we dini toparlaryň arasynda hem-de mesihileriň yzarlanmalardan ejir çekýän özüňize belli bolan beýleki sebitlerinde sazlaşygyň bolmagy üçin hemmäňiz bilelikde dileg ediň.
17-nji bap
GATNAŞYKLARDA GÖRKEZILÝÄN SÖÝGI
1 Ýahýa 3:18
Isa: «Siz ýeriň duzusyňyz» diýdi. Bu deňeşdirmäniň güýji we manysy nämede?
Duz dört sany esasy häsiýetlere eýedir — bu arassalyk, arzanlyk, onuň kömegi bilen uzak wagtlap zaýalanmaz ýaly edip saklamaklyk (konserwant) we tagamy güýçlendirmek ukyby. Nädip mesihiler duz bilen deňeşdirilip bilnerler?
Şeýle-de, Isa mesihileri nur bilen deňeşdirdi. Nur hapanyň üstüni açýar; ýoly ýagtylandyrýar, şonuň üçin bize büdreme ýokdur; tümlügi kowýar; gorkyny aýyrýar we dosty duşmandan, hakykaty ýalandan tapawutlandyrmaga ýardam edýär; öz işimizi ýerine ýetirmäge kömek edýär. Haýsy manyda mesihiler nura meňzeş bolup bilýärler?
Ýakubyň hatynda (1:27) şeýle diýilýär: «Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüni dünýäden çirksiz saklamakdyr». Bu sözleriň manysyny ýaňy iman eden adama düşündirişiňiz kimin düşündiriň.
Petrusyň birinji hatynyň 2:12-i okaň: «Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň». Şu aýady Efeslilere ýazylan hatyň 2:10-y bilen deňeşdiriň: «Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris».
Nämäni «oňat işler» hasaplasa bolar (azyk önümleri, suw, geýim, üçek we medisina kömegini üpjün etmek arkaly ýardam bermek)?
Bu «oňat işler» beýleki «oňat işlerden» (şaýatlyk we dilegden) näme bilen tapawutlanýar?
Biz göklere öz ýanymyz bilen diňe iki zady: biziň dileglerimizi we özümiziň Mesihe getirenlerimiziň janlaryny äkidýäris. Eger siz şu tassyklamanyň hakykylygyna ynanýan bolsaňyz, onda «mesihi ynsanperwerlik kömeginiň» manysy nämede jemlenendir?
1. Özüňiziň şu sapakdan alan oňat sapaklaryňyzy ara alyp maslahatlaşyň. Şu sapakda sanalyp geçilen her bir ugur babatda aýratyn bir şahsyýet ýa-da ýerli ýygnak hökmünde ýeten derejeleriňizi we ýetmezçilikleriňizi sanaň. Mümkinçilik bolan badyna siz nämäniň üstünde işlemek isleýärsiňiz?
2. Sapagy ejiz taraplaryňyza toba edip we özüňiziň ýa-da ýerli ýygnagyňyzyň edip bilen işleri üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip dileg etmek bilen jemläň. Öňdäki etmeli işler üçin hem dileg ediň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Siziň degişli bolan mesihi ýygnagyňyz öz sebitleriňizde nädip duz hem nur bolup biler?
2. Başga adamlara söýgi görkezmäniň haýsy ulgamy size iň kyn zat bolup görünýär?
3. Duşmanyňy söýmek mümkin däl ýalydyr. Şu söýgini görkezmek isleýän mesihä nähili güýç elýeterdir? Öz duşmanlaryňy söýmek, şol bir wagtyň özünde-de olara garşy göreşmek mümkinmi?
18-nji bap
ÇYDAMLYLYK WE RUHLANDYRMA
Ýewreýler 10:25
Hudaýyň öňünde gezmek hem-de Ruhuň miwelerini öndürmek üçin bizde «çydamlylyk» diýilýän häsiýet bolmalydyr. Aşakda size teklip edilýän Robert Morrisonyň durmuşynyň taryhynda oňa özünde çydamlylygy döretmäge kömek eden faktorlaryň aşagyny çyzyň.
Eger geçen asyrlardaky ilkinji gelen wagyzçylaryň çydamlylygy bolmadyk bolsa, onda hytaýly doganlarymyzda hytaý dilindäki Mukaddes Kitap bolmazdy.
Robert Morrison şotland tekstil şäherçesiniň garypja etrapçalarynyň birinde önüp-ösýär. Ýekşenbe mekdebiniň mugallymy bu oglanjygyň ýüregini Isa üçin gazanma synanyşygyny bes etmeýär. Şol mugallymyň çydamlylygynyň arkasyndan ýaşajyk Morrison Isanyň yzyna eýeriji bolup ýetişýär.
Ol Hytaýa ilkinji gelen protestant wagyzçysy bolupdyr. 1800-nji ýyllaryň başlarynda ol Mukaddes Kitaby hytaý diline terjime edýär. Emma iş köp tolgunyşyksyz we howsalasyz bolmandyr. Morrison on alty ýyllap elhenç şertlerde ýaşapdyr. Onuň hytaýly kömekçisi Ako öz «üsti açylaýan» ýagdaýynda gynanylan wagty azap çekmez ýaly, ýanynda hemişe zäher göterýän eken. Soňundan Morrisonyň zähmeti Akonyň özüniň ilkinji mesihe getiren adamy bolmagy bilen sylaglanyldy.
Robert Morrison ilki ogluny, soň hem aýalyny ýitirdi. Emma ol bulara döz geldi. Bu günki gün makaodaky köne gonamçylykda onuň mazarynyň öz ýakynlarynyň mazarynyň ýanyndadygyny görmek bolýar. Bu günki gün onuň bähbitli bolan çydamlylygy Hytaýdaky köp doganlaryň durmuşynda özüniň miwesini berýär.
Näme üçin mesihi durmuşy üçin ruhlandyrma gaty wajypdyr? Selaniklilere ýazylan hatyň 2:6–12-i esasynda ruhlandyrmanyň manysyny düşündiriň.
Nädip Ýewreýler 10:25 biziň ruhlandyrma bolan düşünjämiz üçin goşmaça bolup hyzmat edip biler?
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Öz häsiýetiňiziň haýsy aýratynlyklary size imanda çydamlylyk görkezmäge kömek edýär?
2. Rimlilere haty (15:4) okaň-da, onda aýdylan zatlary durmuşda nähili görkezip boljakdygynyň gürrüňini ediň.
3. Siz beýlekilere nädip kömek edýärsiňiz we olara nädip goltgy berýärsiňiz?
4. Edil şu pursatda siziň goldawyňyza mätäç bolan dostlaryňyz barmy?
5. Mesihilik durmuşynda ruhlandyrmaklyk näme üçin şeýle wajyp?
6. Sizde haçan hem bolsa bir wagt yza çekilme ýa-da ýan berme meýli peýda bolupmydy?
7. Durmuşyňyzyň kyn pursatynda alan teselliňiz baradaky şaýatlygyňyzy beýlekiler bilen paýlaşyň.
Aşakylary imanyňyzyň yglan edilmesi hökmünde sesli okaň:
• Indi hiç haçan gorkmaryn, sebäbi «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Timoteos 1:7).
• Indi hiç haçan şeýtanyň öz durmuşymdaky üstün bolmasyny duýmaryn, sebäbi biz «Hudaýdandyrys, ýalan pygamberleri ýeňendiris: çünki bizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr» (1 Ýahýa 4:4).
• Indiden beýläk hiç haçan özümde paýhassyzlyk duýmaryn, sebäbi men indi «Hudaýyň saýasynda Mesih Isadadyryn. Ol meniň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy» (1 Korint. 1:31).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi nämedir bir zatlary edip bilmeýän hasaplamaryn, sebäbi men «özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Filipililer 4:13).
• Indiden beýläk hiç haçan ýeňilmerin, sebäbi «Hudaý bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýär…» (2 Korint. 2:14).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi mynasyp däl saýmaryn, sebäbi «Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi» (2 Korint. 5:21).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi bagty çüwmezek hasaplamaryn, sebäbi «biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris» (Rimliler 8:37).
• Indiden beýläk hiç haçan göwnüçökgünlilik duýmaryn, sebäbi «Özüň barada pikirlenýänleri kämil dünýäde saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar» (Işaýa 26:3).
• Indiden beýläk hiç haçan birahatlyk duýmaryn, sebäbi Isa: «Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýahýa 16:33).
• Indiden beýläk hiç haçan howsala düşmerin, sebäbi «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däldir» (1 Korintoslylar 14:33) we «biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» (1 Korintoslylar 2:12).
• Indiden beýläk hiç haçan özümiň umytly ýagdaýymy dramatizirlemerin, sebäbi «ýatsaň gorkmarsyň; hawa, ýatyp süýji uka gidersiň, çünki Reb seniň tarapyňda bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar» (Süleýmanyň pähim. 3:24, 26).
• Indiden beýläk hiç haçan nägile bolmaryn, sebäbi «her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» (Filipililer 4:11).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi ýalňyz duýmaryn, sebäbi Isa «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:20) hem-de «seni hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn» diýdi (Ýewreýler 13:5).
• Indiden beýläk hiç haçan özümde näme hem bolsa bir zada baglylyk duýmaryn, sebäbi «Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir» (2 Korint. 3:17).
• Indiden beýläk hiç haçan howsala we göwnüçökgünlige düşmerin, sebäbi «ähli gam-gussamy Onuň üstüne atýaryn; sebäbi Ol meniň gamhorumdyr» (1 Petrus 5:7).
• Indiden beýläk hiç haçan özümde nälet duýmaryn, sebäbi «Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi» (Galatýalylar 3:13–14).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi ejiz saýmaryn, sebäbi «Reb ömrümiň güýjüdir» (Zebur 27:1).
• Indiden beýläk hiç haçan özümi günäkär hasaplamaryn, sebäbi «Mesih Isada bolanlara, ten bilen däl-de, Ruh bilen gezýänlere şindi hiç hili iş kesme ýokdur». Menem Mesihde, şonuň üçin hem men islendik aýyplamadan azatdyryn. (Rimliler 8:1).
• Indiden beýläk hiç haçan mätäçlik çekmerin, sebäbi «meniň Hudaýym ähli hajatymy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar» (Filipililer 4:19).
• Indiden beýläk gelejegiň öňünde gorkup durmaryn, sebäbi «ýazylyşy ýaly: “Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir”. Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi» (1 Korint. 2:9–10).
19-njy bap
BAGYŞLAMA WE MERHEMET
Matta 6:14–15
Mesihiligiň esasy häsiýetnamasy — söýgi we bagyşlap bilmeklikdir. Yslam: «Yslamyň duşmanlaryny öldüriň» diýip yglan edýär, iudaizm bolsa: «Göze göz, dişe diş» diýýär. Isa bolsa: «Duşmanlaryňyzy söýüň: size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» diýýär.
Nämäniň bagyşlama däldigini kesgitläň. Şu sözler bilen aşakda boş galdyrylan setirleri dolduryň: öýke-kineler baradaky pikirleri özüňden kowmagy; ylalaşmaklygy; aklamaklygy; ýatdan çykarmaklygy; «çydamak»; birini başyna goýbermekligi.
• Bagyşlamaklyk doly _______________________________________aňladýan däldir. Çuň ýaralar adamyň ýadyndan hemişe süpürilip aýrylýan däldir.
• Bagyşlamaklyk ______________________aňlatmaýar. Ylalaşmaklyk üçin iki adamyň islegi gerekdir, ýöne ejir çeken tarap özüni ynjydan adamy ylalaşmazdan hem bagyşlap biler.
• Bagyşlamaklyk __________________________________________________ýa-da perwaýsyz bolmaklygy aňlatmaýar. Bagyşlamaklyk hökman erbet ýa-da jogapkärçiliksiz hereketi oňlamaklyk däldir.
• Bagyşlamaklyk _______________________________________________aňlatmaýar. Tersine, bagyşlaýan adam özüniň ynjydylmagyna örän çynlakaý garaýar. Ol ony nähilidir bir ähmiýetsiz ýa-da wajyp bolmadyk bir zat hasaplamaýar.
• Bagyşlamaklyk ____________________ diýen dumanly düşünje bilen deň bolan bir zat däldir. Eger şonuň ýaly bolsa biz, gowy bolanda, diňe bagyşlama meňzeş bolan öýkünmäniň iň pes probasyny alarys. Erbet bolanda, durmuşyň çynlakaý meselelerini göz öňümizden ýok edip goýberýäris.
• Bagyşlamaklyk günäkäriň üstünden günäsini aýyrmaklygy ýa-da ony ________________ aňlatmaýar. Adamy günäsiz diýip yglan etmek — kaza berlen ygtyýardyr. Günäkäri eden işleriniň netijesinden diňe kazy azat edip bilýär, muny, mysal üçin, jeza berme görnüşinde edip biler.
Bagyşlamaklyk — bu öýke duýgusyndan ejir çekýäni azat ed
ýän şahsy işjeňlikdir. Ýazgy bölekleýin ýa-da çete süýşürilip goýlan bagyşlamany talap edýän däldir. Bagyşlamaklyk doly hem gutarnykly bolup, sende özüňi ynjydan adama bolan ýaman duýgular bolmaly däldir, şeýle hem, şol adam bilen gatnaşyklar dikeldilmelidir we ösdürilmelidir.
Bagyşlamaklyk — bu iman işidir. Başga birini bagyşlanymda adalatlylyk talaplaryny maňa garanda Onuň gowy ýerine ýetirjekdigine ynam baglaýaryn.
Biziň näme üçin bagyşlamalydygymyzyň esasy sebäplerini kesgitläň:
• Zebur 103:3; Koloselilere ýazylan hat 3:13.
• Mattanyň Hoş Habary 6:14–15; 18:22, 35.
Näme üçin biziň bagyşlamalydygymyz hakyndaky soraga Filip Ýansi wajyp bolan üç praktiki jogaby teklip edýär. Eger bagyşlama dogry bolsa, onda näme üçin ol öz ýany bilen şypa we täzeden dikelme getirýär?
«Rehim we merhemet mesihiligiň dünýä berýän iň gowy sowgadydyr». Şu tassyklama bilen näme üçin özüňiziň ylalaşýandygyňyzy ýa-da ylalaşmaýandygyňyzy düşündiriň.
«Döwlet bilen ýygnagyň arasyndaky ýyly gatnaşyklar döwlet üçin amatly, ýygnak üçin zelelli bolýar». Şu kesgitlemäniň hakykylygyny nädip tassyklap bolar?
Mesihiligi dünýäniň beýleki dinlerinden tapawutlandyrýan esasy häsiýetlerini kesgitläň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar
1. Näme üçin bagyşlamak şeýle kyn bolýar?
2. Bagyşlamanyň hakyky ak patasy nämede jemlenendir?
3. Näme üçin mesihiniň durmuşynda Hudaýyň rehimi we merhemeti şeýle möhüm?
4. Siz öz ýygnagyňyzda «merhemetiň duşmanlarynyň» haýsysyny görüp bilýärsiňiz?
5. Geljekde rehim bilen merhemeti nädip görkezmekligi ýüregiňize düwdüňiz?
VI-NJY BÖLÜM
Ýeňiş
20-nji bap
DABARALANAN ÝEŇIJILER
1 Korintoslylar 15:57
Mukaddes Kitap Isa Mesihiň yzyna eýerijileri hemişe esgerler bilen deňeşdirýär: 2 Timoteos 2:3–4 we Filipililer 3:13–14. Bu deňeşdirme nädip mesihileri ruhlandyryp biler?
Duşmançylykly ýagdaýda we yzarlanma şertlerinde Mesihdäki sylagly durmuşyň dört syry bardyr.
Birinji syr — hemişe haç (Ylham 17:14; 19:7–10; 5:6);
Ikinji syr — ölümden direlmäniň kontekstindäki ýaşaýyşdyr (1 Korintoslylar 15:19);
Üçünji syr — yzarlanmalary kabul etmeklik we olara dogry garamakdyr (1 Petrus 4:14);
Dördünji syr — hyzmatkär esgeriň statusy.
Ýygnagyň taryhyndaky asyrlaryň hemmesini jemläniňde, bir XX asyrda köp adam ejir çekdi. Ençeme mesihileriň çydamlylygynyň syry nämede?
Aşakda bütin dünýäniň mesihileriniň hyzmatkär esger baradaky aýdanlary getirilendir. Sizde şular ýaly deňeşdirmeler ýokmy?
Hyzmatkär esgerler edil çüý kimindir. Olaryň üstünden urdugyňça-da, öz imanlarynda berkärler.
Hyzmatkär esgerler rezin pökgüjik kimindir. Olary ýere näçe batly urdugyňça, olar şonça-da ýokary bökýärler.
Hyzmatkär esgerler güller kimindir. Olary mynjyratdygyňça, atyr yslaryny güýçli seçer.
Hyzmätkär esgerler witraž aýnasy kimindir. Olaryň hakyky gözelligi açyk ýagtylykda görünýändir.
Hyzmatkär esgerler gutudaky çaý kimindir. Çaýyň ajylygyna diňe gaýnan suw guýanyňdan soň göz ýetirýärsiň!
Sizem hyzmatkär esger bolup bilersiňiz! Şonda siz islendik tupana we goma döz gelersiňiz!
VII-NJI BÖLÜM
Goşmaçalar
2-nji goşmaça
«HUDAÝ WE ONUŇ EJIR ÇEKÝÄN ÝYGNAGY» WAGZY
Näme üçin ýygnak ýolbaşçylary yzarlanmalary Hudaýyň iberýän ejirleri (köpleriň garaýyşlary ýaly) diýip kabul etmeli däldigi baradaky duýduryşa gulak asmalydyrlar? Hudaý ol yzarlanmalary dogrudanam Öz halkynyň ýagşylygy üçin ulanýandyr.
Yzarlanmalar nireden gelýär? Olaryň çeşmesi nämede?
Nädip yzarlanmalara döz gelmeli? Yzarlanmalar döwründe näme etmeli?
Yzarlaýjylardan öç almaklyk nähili netijelere getirip bilýändir? Nädip ysraýyl-palestin gapma-garşylygy öç almagyň oňat däldiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýändir?
5-nji goşmaça
ÝOHAN KOMPANÝENIŇ «TÄZE MÜŇ ÝYLLYGYŇ BOSAGASYNDA» ATLY DOKLADYNDAN BÖLEK
«Açyk gapylar» guramasynyň prezidenti Ýohan Kompanýen Bütindünýä Hoş Habar maslahatynyň mejlisinde (2000ý.) çykyş edip, şeýle diýdi, ýagny geljekki ýigrimi ýylyň içinde Ýygnak bäş ugurda söweş alyp barmaly bolar. Ine, olar:
1. Ideologiýa çägindäki söweş.
Eger bütin dünýä alty medeniýete: günbatar, sinaý, ýapon, indus, yslam we prawoslaw medeniýetine bölnen bolsa (Hantingdonyň tassyklaýşy ýaly), onda näme üçin bütin dünýädäki parahatlyga bolan haýbat gapma-garşylykly bolan medeniýetleriň serhedindäki ýurtlardan gelip çykýandyr?
Leşek Kolakowski: «Bellemek gaty wajypdyr: haçanda sabyrlylyk biz babatda görkezilende, ol biperwaýlyk görnüşine eýe bolýandyr. Bizden, mysal üçin, öz garaýyşlarymyzy yglan etmeklikden saklanmagy haýyş edýärler we hatda beýleki adamlaryň kelläňe gelip biljek islendik hereketleri ýa-da pikirleri bilen ylalaşmagy-da talap edýärler». Mesihileriň salgylaryna aýdylýan «sabyrsyzlyk» günäkärligine neneň jogap bermeli?
2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çägindäki söweş
Yzarlanmalar babatdaky aşakdaky ýalňyş garaýyşlara nähili jogap berip bolar?
• «Hudaý tarapdan yzarlanmalar».
• «Yzarlanmalar şertinde Ýygnak oňat öser». (Resullaryň işleri 9:31-e seret).
• «Yzarlanmalara garşy durmagyň deregine, olara şatlanylmalydyr».
• «Imanda ösmek üçin yzarlanylmalardan geçmeli.
3. Ruhy çäkdäki söweş
Yzarlanylýan Ýygnak bilen gatnaşyk nädip Hudaýa ýakynlaşmalydygyny görkezýär. Yzarlanylýan Ýygnak çynlakaý ruhy hakykatlara aň ýetirmeklige bizi mejbur edýär, ýagny bu hakykatlary biz öz medeniýetimiziň şertlerinde biperwaý galdyrmaga ýykgyndyrys. Bu bütin günbatar Ýygnagynyň täzelenmegi üçin wajyp açar bolup hyzmat edip bilýändir. Bu nädip beýle bolup biler?
«Talap etmeklik jemgyýeti — bu kommunizmden hem elhenç bolan imany öldürijidir». Siz şeýle tassyklama bilen ylalaşýarsyňyzmy? Öz garaýşyňyzy düşündiriň.
4. Syýasat çägindäki söweş
Solženisyn şeýle diýýär: «Bir dogrulyk sözi bütin dünýäniň delilnamalaryndan üstün bolmalydyr». Käwagtlar bize hakykat öz ornuny berip, utulýan ýaly bolup görünýän bolsa, onda nädip ol (hakykat) ýeňiş gazanyp biler?
5. Ýygnak çägindäki söweş
Azat jemgyýetdäki däp bolup galan mesihi ugurlarynyň imanlylary nädip yzarlanylýan Ýygnak üçin dileg etmeklige, oňa goldaw bermeklige we kömek etmeklige hem özleri öwrenip, hem-de bir-birlerini peýdaly öwretmäge girişip bilýändirler?
6-nji goşmaça
ADALATLY URUŞ TEORIÝASY
Adalatly uruş teoriýasy üç sany esasy düzgüne esaslanýandyr:
• adalatly sebäp;
• urşy başlamak üçin bikanun esas;
• hoş niýetler.
Adalatly urşuň garşysyna bolan esasy garşy çykmalar üç esasda gurlandyr.
Birinjiden, bu teoriýa ne mukaddes kitap, ne-de ylahyýet garaýyşlary boýunça esasy mesihi düzgünleri bilen laýyk gelýän däldir.
Ikinjiden, eger urşuň ahlak taýdan goldawy hakynda kanagatlanarly pikirlenişe ýetmäge ymtylýan bolsak, onda hökman göz öňünde tutmaly bolan häzirki zaman urşunyň ne anyk häsiýetnamasyny, ne-de umumy häsiýetini ýeterli derejede bu teoriýa hasaba alýan däldir.
Üçünjiden, bu teoriýada anyk bolmadyk we düýbünden biri-birine garşy bolan ýagdaýlar gaty kändir, şonuň üçinem onuň iş ýüzünde ulanylmagynyň islenilen netijä getirip bilmeýändigi geň zat däl.
Näme üçin siz adalatly uruş teoriýasyny goldaýarsyňyz ýa-da oňa garşy çykyş edýärsiňiz?
7-nji goşmaça
MAÝKL BURDO. SOWET DÖWRÜNIŇ SAPAKLARY
Maýkl Burdo mesihileirň sowet döwründäki yzarlanylmalaryny olaryň Rim imperiýasy döwründäki yzarlanmalaryndan tapawutlandyrýan käbir ýagdaýlary sanap geçýär. Sowet häkimiýeti döwründäki mesihileriň yzarlanmalarynyň taryhyndan nähili netijeleri çykaryp bolýar?
8-nji goşmaça
«AÇYK GAPYLAR» GURAMASYNYŇ KOMMUNIZMIŇ SYNMAGYNYŇ TARYHYNDAN ALAN SAPAKLARY
1-nji sapak. Azatlyk ýurduň bütin territoriýasynda dessine gurnalýan däldir.
2-nji sapak. Azatlyk köplenç ahlak gytçylygyna getirýär.
3-nji sapak. Ýalan taglymatlar akyllary çaşyrýar.
4-nji sapak. Günbatar wagyzçylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bolmazlygy ýygnaklaryň bölünişmegine getirýär.
5-nji sapak. Ýygnak ýolbaşçylygynyň gytçylygy bolup geçýär.
6-njy sapak. Mesihiler syýasy täsire eýe däldirler.
7-nji sapak. Kommunizmiň synmagy dini azatlygyň ornaşmagyna kepillendirmeýändir.
8-nji sapak. Ýerli mesihi guramalarynyň döremegi we Hoş Habary wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleriň peýda bolmagy.
Biziň ýurdumyzda, Türkmenistanda, häzirki döwründe nähili sapaklary ulanyp bolýar?