Joş we Dotti Makdauell DOGRY SAÝLAW Mukaddes Kitapdan alnan peýdaly taryhlar Biziň iňňän soýýän, guwanýan we buýsanýan gokundyryjymyz Kaya bagyşlanýar. Joş we Dotti Makdauell Minnetdarlyk Şu kitabyň döremegine uly goşantlaryny goşan adamlara biz özümiziň minnetdarlygymyzy bildirmek isleýäris: Sindi Pittse, ol Mukaddes Kitapdan ençeme taryhlary saýlap, biziň üçin taýýarlady. Bu bize ol taryhlaryň nähili bolmalydygyny göz öňümize getirmäge kömek etdi. Robin Karrä, ol bu taryhlaryň üstünde işleýän döwründe dogry saýlaw mowzugyny giňişleýin açdy we olarda «Ýagşyny ýamandan tapawutlandyrmak» atly hereketiniň mowzugyny aýan etdi. Şeýle-de, ol bu taryhlary çagalara düşnükli bolar ýaly edip gürrüň berdi. Tyndale House Publishers neşirýatynyň işgäri Betti Frä, onuň göni jogapkärçiliginiň çäklerinden çykýan redaktorçylyk hyzmaty üçin. Hut şu sebäpli hem her bir taryh özüniň çeperçiligine we aýdyňlygyna eýe boldy. 12 ýylyň içinde işdeşimiz bolan Deýw Bellise, ol bu taslamanyň amala aşmagyna ýolbaşçylyk etdi we bu kitabyň bütin mazmunyny «Ýagşyny ýamandan tapawutlandyrmaly» hereketiniň mowzugyna laýyk getirdi. Karl Eitker Meýere we Tyndale House Publishers neşirýatynyň işgärlerine, olaryň Hudaýyň Sözüniň mizemez hakykatlaryny çagalara nädip ýetirmelidigini ata-enelere düşündirmeklerindäki hünärmenlikleri üçin. Seniň saýlawyň Sen näme iýmeli? Näme geýmeli? Näme diýmeli we nädip daranmaly? Sen saýlaw etmeli, saýlaw sada däl, Her gün bu soraglar taşlamaz seni. Hawa, belki-de, ýok? Ulumy ýa kiçi? Paýlaşmalymy ýa-da özüň çözmeli? Bu dogry bolarmy? Ýa-da nädogry? Her gün sen tapmaly bu jogaplary. Dünýäni Reb ýaratdy, Ol — Ýaradyjydyr. Islendik jogaby diňe Ol bilýändir! Mukaddes Kitapdan taryhlar okap, Görelde alarsyň gahrymanlaryndan. Onuň bir gahrymany erbedi saýlady. Beýlekisi dogry edip, Rebbi saýlady. Bu taryhlary oka — ýagşylygy öwren Oýun bolan durmuşda dogry saýlaw et. (Kitabyň owadan suratlaryna seret, Kiçijik ýylgyrýan çekirtgeleri tap). Ilkinji bag Gelip çykyş 2:4–3:23; 5:4–5 ADAM ATA BILEN HOW ENE HUDAÝYŇ TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRDILERMI? ÝA-DA OLAR OŇA GULAK ASMADYLARMY? Hudaý täsin dünýäni ýaratdy — bu beýik daglardan, gür agaçlardan we tagaşyksyz aýylardan ybarat bolan dünýä. Şeýle-de, Hudaý adamlary hem ýaratdy. Adamlar Hudaýyň ýaradanlaryndan keýplenip, olar hakda alada etmelidi. Ýaradylan adamlara Hudaý Adam ata we How ene diýip at dakdy. Hudaýyň ýaradan dünýäsi olara gaty ýaraýardy. Peýdaly we tagamly ir-iýmişdir miwelerden dolup daşýan bag olara ýaraýardy. Olar armytdyr üzümlerden iýip, keýpden çykýardylar. Emma hemmesinden hem artygy, Adam ata bilen How enä Hudaý bilen bile bagda bolmak ýaraýardy. Hudaý olary güýçli söýýärdi. Dogrudanam, Hudaý olary şeýle bir söýýärdi welin, hatda olaryň Özüne bolan gulak asyjylykda ýaşamaklaryna kömek etmek isledi. Şonuň üçin hem Hudaý Adam ata bilen How enä ençeme täsin agaçlar barada gürrüň berdi. Ýöne amala asyrmaly bolmadyk ýeke bir zatdan seresap bolmaklaryny duýdurdy. Hudaý olara bagyň ortarasyndaky agaja görkezip: «Şu agajyň miwelerinden iýmäň. Eger onuň miwesinden datsaňyz, onda ölersiňiz» diýdi. Hudaý Adam ata bilen How enäniň Özüne gulak asyjy bolmaklaryny isledi, olary howpdan saklamak isledi. Şonda olar bu täsin bagda bütin bakyýeti geçirerdiler. Hudaýyň ýaradan bagynda ýylan hem ýaşaýardy. Ol Hudaýyň ähli ýaradanlarynyň iň mekiri we nejisidi. Ýylan Hudaýy söýmeýärdi, Hudaýyň ýaradan dünýäsini hem söýmeýärdi, bagda ýaşaýan adamlary hem söýmeýärdi. Ine-de bir gün ýylan How ene bilen gürrüňe başlaýar we ondan soraýar: — Näme üçin sen Adam ata bilen bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmeýärsiňiz? — Bu agajyň miwesinden iýmegi Hudaý bize gadagan etdi. Eger-de biz Onuň diýenine gulak asmasak, onda öleris, — diýip, How ene oňa jogap berýär. Onsoň ýylan şeýle diýýär: — Eger bu agajyň miwesinden dadyp görseňiz, siz ölmersiňiz. Tersine, onuň miwesinden iýeniňizde, siz bar zady bilersiňiz we edil Hudaýyň Özi ýaly bolarsyňyz. How ene gadagan edilen miwä seretdi we onuň neneň oňatdygyny gördi, onsoň onuň tagamynyň nähilidigini bilmek isledi. Şeýlelikde, How ene gaty wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, gadagan edilen miweden iýmän bilerdi. Ýa-da ol Hudaýa gulak asman, şeýle işdäli görünýän miweden dadyp bilerdi. How ene öz islegine azatlyk berdi, ol birnäçe miwäni alyp iýdi. Onsoň ol Adam ata hem berdi, ol hem ol miwelerden iýdi. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmadylar, şonuň üçin hem olar bagy taşlap gidip, agyr we kän zähmet çekmeli boldular. Olar hiç haçan hem bu täsin baga dolanyp bilmediler. Ýyllar geçýärdi. Adam ata bilen How ene garradylar we ahyrynda aradan çykdylar. Hudaý hemişe-de Adam ata bilen How enäni söýýärdi. Emma olar özleriniň nädogry saýlaw edip, Onuň tabşyrygyny ýerine ýetirmändikleri üçin Ony gaty gamgynlandyrdylar. Ýada salalyň Jennet bagyndaky Hudaýyň ýaradanlarynyň iň mekiri näme bolupdy? Hudaý adamlara nähili tabşyryk berdi? Adam ata bilen How ene dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Bagdan kowlanlaryndan soň, Adam ata we How enä näme boldy? Öz saýlawyňyz hakynda oýlanyň Hudaýa gulak asyjy bolmaklygyň nämäni aňladýandygy hakynda gürrüň beriň. (Rugsatsyz özgäniň zatlaryny almazlyk we aldamazlyk; mähirli bolmak, Hudaýyň ýaradanlary hakda alada etmek; ata-eneler tarapyndan goýlan düzgünlere eýermek). Seniň maşgalaňda nähili düzgünler bar? Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyzdan gyrkylan bir tegelekde adamyň gamgyn ýüzüni çek, beýlekisinde bolsa şatlykly ýüzi çek. Bu iki tegelegiň arasynda galamy berkit. Her agşam uklamazyňdan ozal özüňiň Hudaýa gulak asyjylygyň hakynda gürrüň ber. Ilki bilen günüň dowamynda Hudaýa gulak asyjy bolmadyk ýagdaýlaryňy ýatla we gamgyn edilip çekilen ýüzi görkez. Onsoň Hudaýa gulak asyjy bolan ýagdaýlaryňy ýatla we şatlykly edilip çekilen ýüzi görkez. Haçan-da biz özümiz üçin Hudaýa gulak asyjy bolmagy saýlanymyzda, Ol bizi goraýar we biziň durmuşymyzy bagtly edýär! Dileg edeliň Hudaý, bize dogry saýlaw etmäge — Saňa gulak asyjy bolmagymyza kömek edýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bizi dürli belalardan goraýan oňat tabşyryklaryň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Suwda gezýän haýwanat bagy Gelip çykyş 6:9–9:17 NUH HUDAÝA GULAK ASYP, GÄMI ÝASADYMY? DA OL ÖZÜNI GURŞAN ADAMLAR ÝALY ÝAŞADYMY? Hudaýyň döreden dünýäsinde adamlar köpelişdiler. Olaryň aglabasy bir-birleri bilen erbet gatnaşyk edýärdiler we Hudaýa gulak asmaýardylar. Bu olaryň Ýaradyjysyny gaty gamgyn etdi. Emma şol adamlaryň arasynda Nuh atly dogruçyl adam ýaşaýardy. Onuň özi we maşgalasy Hudaýy söýýärdi we olar Oňa ýaranmaga synanyşýardylar. Olar bir-birlerini söýýärdiler we ähli adamlara hem mähirlidiler. Hudaý Nuhdan we onuň maşgalasyndan hoşaldy. Bir gezek Hudaý Nuha gämi gurmagy buýurdy. Ol gäminiň uly we berk bolmalydygy hakynda Hudaý aýtdy. Gäminiň içine suw girmezligi üçin onuň ähli deşiklerini oňatja edip ýapmalydy. Nuh ilki bilen öz öýüne, onsoň onuň gapdalynda ösýän birnäçe zeýtun agaçlaryna we giden çöllüge göz aýlady. Emma ol ullakan gäminiň ýüzüp bileri ýaly suw görmedi. Şonda Hudaý Nuha Özüniň niýeti hakynda gürrüň berdi: Ol ýer ýüzüne ýagyş inderer. Tä suw bütin ýer ýüzüni örtýänçä, ýagyş dynman ýagar. Diňe Nuh bilen onuň maşgalasy gäminiň içinde howpsuzlykda galarlar. Öz maşgalasy hakynda Hudaýyň alada etmek wadasy Nuhy gaty begendirdi. Nuh uly bolmadyk gämi ýasamaly bolsa gerek. Emma bu hakda ol oýlanyp ýetişmänkä, gämä her haýwanyň görnüşinden bir jübütini almalydygyny Hudaý aýtdy. Diýmek, ullakan gämi ýasamaly bolar! Nuh asmana seretdi, emma kiçijikde buludy görmedi. Haçan-da ol gämi gurmaga başlanda, adamlar onuň üstünden gülerler ahyryn! Şeýlelikde, Nuh wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa: «Hawa, men gämi guraryn. Eger hatda ýer ýüzüne ýekeje damja ýagyş ýagmasa-da, asmanda ýekeje bulut hem peýda bolmasa-da, men gämi guraryn» diýip bilerdi. Ýa-da Nuh boýun towlap, Hudaýa: «Ýok, men gämi gurmaryn. Goňşularym meniň üstümden gülerler» diýip bilerdi. Nuh näme etdikä? Ol agaçlary taýýarlady, gurallaryny eline aldy we gämi gurup başlady. Ol bu täsin gämini Hudaýyň aýdyşy ýaly ullakan edip ýasady. Onuň içi bolsa gurudy, ol ähli deşikleri oňatja edip ýapypdy. Onsoň Nuh her haýwanyň görnüşinden bir jübütini öz ýany bilen aldy. Gämä uzyn boýly žiraflar we gysga tikenli kirpiler hem girdiler. Çakgan maýmynlar we çalasyn atlar. Iň soňkular bolup zordan ädimleýän pyşdyllar girdiler. Haçan-da Nuh öz maşgalasy bilen gämä gireninde, Hudaýyň özi gapyny ýapdy. Şonda Nuh kiçijik äpişgeden seretdi we ýagşyň ýagyp başlandygyny gördi. Ýagyş kyrk gije-gündizläp ýagdy. Hudaýyň aýdyşy ýaly, suw bütin ýer ýüzüni örtdi. Emma gäminiň içi gurudy, ondaky adamlar we ähli haýwanlar doly howpsuzlykdadylar. Ahyrsoňy ýagyş dyndy — gün peýda boldy. Ýer ýüzi guranyndan soň gäminiň ähli ýaşaýjylarynyň ondan çykmaklaryna hiç bir howp päsgel bermeýärdi. Nuh özüniň we öz maşgalasynyň janyny Hudaýyň saklandygy üçin Oňa minnetdarlyk bildirdi. Hudaý bolsa asmanda älemgoşary peýda etdi we mundan beýläk hiç haçan ýer ýüzüni şeýle sil bilen gark etmejekdigini wada berdi. Hudaý hemişe-de Nuhy söýdi we bu adamyň dogry saýlaw edeni üçin gaty hoşaldy. Ýada salalyň Näme üçin Hudaý diňe Nuha we onuň maşgalasyna rehim etdi? Nuh nähili saýlaw etdi? Onuň bu saýlawy dogrumydy ýa-da ýok? Mundan beýläk hiç haçan ýer ýüzüni şeýle sil bilen gark etmejediginiň alamaty hökmünde Hudaý asmanda näme peýda etdi? Öz saýlawyňyz hakynda oýlanyň Janyňa hiç bir howpuň abanmazlygy, sowukda üşäp, ýagyşda ezilmezligiň üçin Hudaý saňa maşgala berdi. Sowuk howada öýden çykanyňda, saňa nähili geýinmegi buýurýarlar? Belki-de, dostlaryňyň maşgalalarynda seniň öz maşgalaňdakydan başgaça düzgünler bardyr. Öz ata-eneňe hemişe gulak asýaňmy? Dogry saýlaw etmegi öwren Gapdalyňa ähli oýunjak haýwanlaryňy ýygna we özüňiň Nuhdugyňy göz öňüňe getir, düşegiň bolsa onuň guran gämisi. Edil Nuh ýaly sen Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek islärmidiň ýa-da sen Hudaýa ýaranmak islemeýän adamlara meňzemäge synanyşarmydyň? Hudaýa gulak asyjy bolmaklyk biziň töwerekdäkileriň edýän işlerinden elimizi çekmegimizi aňladyp bilýändir. Dileg edeliň Hudaý, hatda beýleki adamlar başgaça hereket edenlerinde-de, biziň dogry saýlaw edip, Saňa gulak asyjy bolmagymyz neneň bagt. Özümizi islendik ýagdaýlardada goraýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Ony beýik edip guruň! Gelip çykyş 11:1–9 HEMMELERE HUDAÝYŇ ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄNDIGINI ADAMLAR AŇDYLARMY? ÝA-DA OLAR HUDAÝA DEŇ BOLMAGA SYNANYŞDYLARMY? Bir gezek, gadym döwürlerde, sansyz-sajaksyz kerpiç ýasamak maksady bilen ençeme gurluşykçylar üýşüpdirler. Kerpiçleri daňdan ýaşaýardylar. Gündiz hem ýasaýardylar, agşam-da. Hatda gije-de ýaşapdyrlar. Adamlar şeýle ummasyz kerpiçleri ýasap bilýärdiler, çünki olar bir-birlerine oňat düşünýärdiler. Şol bir zada olar bir at bilen ýüzlenýärdiler. Toýun gerek bolan gurluşykçy bu sözi «toýun» diýip aýdardy we islendik beýleki biri onuň näme soraýandygyny bilip, oňa toýun getirip bererdi. Özüne suw gerek bolan gurluşykçy «suw» diýip aýdardy we islendik biri näme hakda gürrüň gidýändigine düşünip, oňa suw getirip bererdi. Özüne saman gerek bolan biri ýöne «saman» diýerdi we islendik biri näme hakda gürrüň gidýändigine düşünip, oňa saman getirip bererdi. Näme üçin bu adamlar gije-gündizläp kerpiç ýaşadylar? Çünki olar bir äpet zat ýasamagy niýet edinipdiler. Olar şäher gurmagy we onda depesi göge ýetýän berk we beýik diň gurmagy niýet edinipdiler. Bu gurluşygy gutaranlaryndan soň adamlar bu diň boýunça göge çykyş bileris diýip oýlaýardylar. Şonda olar edil Hudaýyň Özi ýaly gudraty güýçli adamlar bolarlar. Emma Hudaý gurluşykçylardan hoşal däldi. Şeýle güýji dogry ulanarlary ýaly adamlara akyldarlygyň ýetmezlik etjekdigini Ol bilýärdi. Olar kän ýalňyşlyklar edip, bir-birlerine kän belalar getirerler. Şeýlelikde, gurluşykçylar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar diňi gurmagyny dowam etdirip, Hudaýa deň bolmaga synanyşyklaryny dowam etdirerlermi? Ýa-da olar gurluşygy bes edip, ähli zada Hudaýyň ýolbaşçylyk edýändigi hakda ýatlarlarmy? Adamlar diňi gurmagyny dowam etdirdiler. Gitdigiçe beýik we beýik. Olaryň hyzmatlary Hudaýy şatlandyrmady. Şonuň üçin hem Ol gurluşykçylary dürli dillerde gepleşip başlarlary ýaly etdi. Indi olaryň biri toýun soranynda, eýleki oňa saman getirýärdiler, beýlekileri bolsa suw. Adamlar bir-birlerine düşünmeklerini bes etdiler we mundan beýläk bilelikde kerpiç ýasap bilmediler. Göge ýetýän diňi gurup başlan şäheriň adyna Babyl dakdylar, çünki onda dilleriň garyşmagy bolup geçdi. Şondan soň adamlar bir dilde geplemediler. Adamlar Babyldan gidip, beýleki şäherleri gurmaga başladylar. Ol şäherleriň her birinde öz dillerinde gürleşýärdiler. Tizara Babyl bütinleý boşady. Babyl diňi bolsa döwlen-ýenjilen kerpiçleriň harabaçylygyna öwrüldi. Babylda ýaşan adamlary Hudaý söýýärdi. Olaryň şeýle saýlaw edip, Özüne deň bolmaga synanyşanlary üçin Ol gamgyn boldy. Ýada salalyň Adamlar näme üçin diň gurdular? Babylyň gurluşykçylary dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Diňiň gurulmagyny Hudaý nädip saklady? Adamlar Babyldan nirä gitdiler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Seniň maşgalaňda iň ulusy kim? Mekdepde? Haçan-da biz ululara gulak asmanymyzda, näme bolýar? Dogry saýlaw etmegi öwren Öz oýunjak haýwanjyklaryň (ýa-da öý haýwanlaryň) üçin bir oňat iş et. Onsoň özüňiň islegiňi olaryň ýetirine ýetirmeklerini haýyş et. Haçan-da olar saňa gulak asanlarynda, sen özüňi nähili duýýaň? Haçan-da olar saňa gulak asmanlarynda, sen özüňi nähili duýýaň? (Eger sen bularyň baryny oýunjak haýwanjyklaryň bilen edýän bolsaň, onda olaryň gulak asyjy ýa-da ýokduklaryny ýöne göz öňüňe getir). Hudaý ähli zada ýolbaşçylyk edýär we Ol biziň üçin nämäniň oňatdygyny bilýär! Dileg edeliň Hudaý, biziň dogry saýlaw etmegimize we öz durmuşymyza Seniň ýolbaşçylyk etmegiňe rugsat bermegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Öz öýüni taşlap Gelip çykyş 12:1–8; 13:2 YBRAÝYM HUDAÝYŇ DAŞ ÝURDA ÝOLA DÜŞMEKLIK TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRDIMI? ÝA-DA OL ÖZÜNIŇ ÖŇKI ÝERINDE GALMAGY ÇÖZDÜMI? Ybraýym aýaly Saraý bilen çadyrda ýaşaýardy. Çadyryň gapdalyndaky ojakda nahar bişirip, gür agajyň kölegesinde dynç alýardylar. Ybraýymyň goýunlarydyr geçileri otlap ýördüler. Onuň düýeleri çeşmeden suw içýärdiler. Özi üçin öý bolup hyzmat edýän çadyrda Ybraýym özüni bagtly duýýardy. Wagtal-wagtal Ybraýym bir ýerden başga ýere göçýärdi. Haçan-da meýdanda ot gutaryp, çeşmäniň suwy guranynda, ol aýaly Saraý bilen goşlaryny ýygnap, öz hyzmatkärleri bilen başga ýere göçerdiler. Täze ýerde olar ýene-de öz çagyrlaryny gurnaýardylar. Bir gezek Hudaý Ybraýyma daş ýurda ýola düşmegi buýurdy. Ol Ybraýyma hemişelik ýaşar ýaly ýer berjekdi. Hudaý Ybraýymyň uly maşgalasynyň bolmagyny we olaryň hemmesiniň Hudaýy öz Hojaýynlary hökmünde şöhratlamaklaryny isleýärdi. «Bu ýeri taşla-da, saňa görkezjek ýerime ýola düş, — diýip, Hudaý Ybraýyma aýtdy. — Ol ýerde men sen hakda alada ederin we ol ýerde seniň maşgalaň asyrlar boýy durjak öýe eýe bolar». Ybraýym özüniň owadan çadyryna we rahat otlap ýörän sürüsine seretdi. Bu ýerde ýeterlik derejede ot we suw bardy. Bu ýerden hiç kim hem gitmek islemezdi. Şeýlelikde, Ybraýym wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa gulak asyp, bu ýeri taşlap, özüne Hudaýyň buýurýan ýerine gidip bilerdi. Ýa-da ol öz çadyryndaky durmuşdan lezzetlenip bilerdi. Ine, Ybraýym näme etdi. Ol Hudaýyň yzyna eýermek üçin öz goşlaryny ýygnady. Saraý geýimli haltalary eşekleriň arkalaryna daňyp, iýilýän önümleri diýeleriň arkalaryna ýüklemäge Ybraýyma kömek etdi. Ybraýym ähli goýunlaryny we geçilerini üýşürdi we sygyrlarydyr öküzlerini suwa ýakdy. Onsoň ol çadyryny ýygnap, ojakdaky ody söndürdi-de, ýola düşdi. Ybraýym Hudaýyň özüne buýran ýerine tarap ýola düşdi we öňki ýaşan ýerine hiç wagt dolanmajakdygyny bilýärdi. Ybraýymyň ýoly uzak boldy. Onuň bilen bu ýoly aýaly Saraý bilen doganynyň ogly Lut hem geçdi. Ahyrynda olar şu wagta çenli özleriniň bilmedik ýerlerine baryp ýetdiler. Bu ýerde goýunlary we geçileri bakar ýaly kän ter otlar bardy. Şeýle-de, öküzdir sygyrlary suwa ýakar ýaly çeşmeler-de kändi. Kölegeleriniň aşaklarynda çadyr gurup, jöwzaly yssydan gizlener ýaly äpet agaçlar hem kändi. Ybraýym, Saraý we Lut özleriniň täze öýlerinde şatdylar. Olar Hudaýy alkyşladylar we olaryň nesilleri beýik halk boldular. Ybraýymyň täze ýere tarap ýola düşendigi üçin Hudaý gaty hoşaldy. Ol Ybraýyma pata berdi we onuň ähli mätäçlikleriniň öwezini doldurdy, hatda artygy bilen hem berdi! Ýada salalyň Çadyrda ýaşamak Ybraýyma ýaraýarmydy? Hudaý oňa näme buýurdy? Ybraýym dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hudaý Ybraýymy näme bilen patalady? Öz saýlawyň hakynda oýlan Seniň we maşgalaňyň täze ýere göçmegiňizi Hudaýyň isläp-islemeýändigini nädip bilip bilersiň? Özüňiziň öňki öýüňizi taşlamagyňyz bilen siz öz ýanyňyz bilen näme alarsyňyz? Hudaýyň Ybraýym bilen bolşy ýaly, Ol siziň bilen hem mydama bolar. Dogry saýlaw etmegi öwren Öz maşgalaňyň nädip täze ýere göçendigi hakynda gürrüň ber. Ýa-da dostlaryňyň göçüp gidenlerinde, özüňi nähili duýýandygyň hakynda gürrüň ber. Özüňiziň öňki öýüňiziň suratlaryny syn et we täze jaýyňyza öz ýanyňyz bilen nähili zatlary alandygyňyzy aýdyň. Hudaý siz hakda nädip alada etdi? Hudaý biziň Özüniň eltýän ýerine tarap gitmegimiz baradaky karary kabul etmegimize kömek edýär. Dileg edeliň Hudaý, hatda täze ýere göçenimizde-de Seniň öz ýanymyzda bolýandygyň neneň oňat. Özüňiň eltýän ýeriňe tarap gitmegimiz baradaky karary kabul edip bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Ýeri bilen paýlaşmak Gelip çykyş 13:5–18 YBRAÝYM ÝERIŇ ÝARAÝAN BÖLEGINI LUTUŇ SAÝLAMAGYNA RUGSAT BERDIMI? ÝA-DA ÝERIŇ IŇ OŇAT BÖLEGINI OL ÖZÜNE ALDYMY? Ybraýym Hudaýy söýýärdi we Onuň yzy bilen täze ýere ýola düşüpdi. Bu ýer öri meýdanlaryna we çeşmelere baý ýerdi. Ybraýym üçin otuň we suwuň bol bolmagy gaty wajypdy. Çünki onuň kän goýundyr geçileri, öküzdir sygyrlary bardy. Edil daýysy ýaly, Lutuň hem süri-süri goýunlary, geçileri, sygyrlary bardy we olar üçin ot we suw talap edilýärdi. Öz sürülerine serederleri ýaly, Ybraýym bilen Lutuň kömekçileri bardy. Ine-de olar öz aralarynda jedelleşip başladylar. Biri ähli öri meýdanlarynyň we çeşmeleriň Ybraýyma degişli bolmagyny isleýärdiler, beýlekiler bolsa ot we suw Lutuň sürülerine hem ýetmelidir diýip tassyklaýardylar. Ybraýym täze ýere göz aýlady. Bu ýeriň öz maşgalasyna hemişelik degişli boljakdygy hakynda Hudaý oňa aýdypdy. Şeýlelikde, Ybraýym wajyp saýlaw etmelidi. Ol öz inisine ýeriň bir bölegini berip bilerdi. Lut ol bölegi öz islegi bilen saýlasa bolmazmy? Ýa-da Ybraýym Luty kowup, ýeriň ählisini özüne galdyrýandygyny aýdyp bilerdi. Ybraýym öz nesliniň aýratyn, saýlanan halk bolup, öz aralarynda jedelleşmän, bütin maşgalasynyň Hudaýyň şöhratlamagy üçin bu ýeriň ählisi özüne Hudaýyň berjekdigini bilýärdi. Şeýdip, Ybraýym Luta: «Bu ýer gaty uly. Sen islän bölegini özüňe alyp bilersiň» diýip, teklip etdi. Lut özi üçin otuň iň ter we çeşmeleriň kän ýerini saýlady. Lut gitdi. Ybraýym bolsa ýene-de öz ýerine göz aýlady. Hut şu pursatda ol özüne Hudaýyň ýüzlenýändigini eşitdi: «Ybraýym, men saňa gaty uly maşgala bererin. Bu ýer müdimilik seniň nesliňe degişli bolar». Onsoň Ybraýym beýik agaçlaryň ösýän ýerine tarap gitdi. Şol ýerde ol dileg edip, Hudaýa alkyş aýtdy. Öz nesli üçin Hudaýyň hemişe alada etjekdigi üçin Ybraýym gaty şatdy. Ýada salalyň Täze ýere Ybraýym bilen ýene kim gitdi? Näme üçin Luta bu ýeriň bir bölegi gerek boldy? Ybraýym dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz ýanyndan Lut gidenden soň Ybraýym näme etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Haýsy zatlaryňy (eger Hudaý isleýän bolsa) sen beýlekiler bilen paýlaşyp bilerdiň? Ähli sylaglary üçin her gün hökman Hudaýa şükür aýdyp, Oňa minnetdarlyk bildir. Dogry saýlaw etmegi öwren Mukaddes Kitabyň Ybraýym hakyndaky taryhyny gürrüň ber. Gürrüň bereniňde, mäleýän goýunlaryň we geçileriň, molaýan sygyrlaryň seslerini ýadyňa salýan sesleri ulan. Ybraýymyň dogry saýlaw eden ýerine ýeteniňde, hökman goldaýan ses et. Edil Ybraýym ýaly biz hem Onuň sylaglaryny beýlekiler bilen paýlaşýan bolsak, onda Hudaý şatlanýandyr. Dileg edeliň Hudaý, özümize beren sylaglaryňy beýleki adamlar bilen paýlaşmak kararyny kabul edip bilmegimize kömek et. Beýleki adamlaryň özleriniň mätäç bolan zatlaryna eýe bolup bilmekleri üçin biz güýjümizden gelenini etmek isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Saraýyň çagasy Gelip çykyş 18:1–15; 21:1–7 HUDAÝYŇ ÖZ WADASYNY ÝERINE ÝETIRJEKDIGINE SARAÝ YNANDYMY? ÝA-DA OL HUDAÝYŇ MÜMKIN DÄL ZADY WADA BERENDIGI HAKYNDA OÝLANDYMY? Ybraýymyň aýaly Saraý owadan çadyrda ýaşaýardy. Uly ojakda gündiz nahar taýýarlamak, gijelerine bolsa asmanda ýalpyldaýan ýyldyzlardan lezzet almak oňa ýaraýardy. Emma Saraý özünde ýok zada eýe bolmak isleýärdi. Ol çaga isleýärdi. Ol öz çagasyny elinde göterip, bagryna basmak, hüwdüläp, oňa Hudaýyň täsin dünýäsi hakynda gürrüň bermek isleýärdi. Hudaý Ybraýymyň ogly boljakdygyny wada beripdi. Emma ýyllar geçýärdi we Saraý mama bolar ýaşyna ýetipdi. Ýöne onuň entegem çagasy ýokdy. Hudaý Özüniň Ybraýym bilen Saraýa çaga bermek wadasyny olaryň ýatlaryndan çykarmazlyklaryny isleýärdi. Şonuň üçin Ol Ybraýymyň ýanyna üç adamy iberdi. Ol adamlar aslynda perişdelerdi. Hudaýyň perişdeleriniň biri Ybraýyma: «Indiki ýyl şu wagt Saraý çaga dograr». Çadyrda oturan Saraý bu gürrüňi eşitdi. Ol öz içinden gülüp: «Men indiden soň çaga edinip bilmerin. Men munuň üçin indi gaty garrydyryn» diýip oýlandy. Hudaýyň perişdesi ýene-de Ybraýyma ýüzlendi: «Hudaý üçin mümkin bolmadyk zat ýokdur. Indiki ýyl Saraý çaga dograr». Şeýlelikde, Saraý wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa bil baglap, tä çagasy dogulýança garaşyp bilerdi. Ýa-da ol Hudaý indi özüne çaga berip bilmez diýip oýlap bilerdi. Saraý näme etdikä? Ol Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetmegine garaşdy. Bir ýyldan soň, Saraý ýüz ýaşyna golaýlanda, ol çaga dogurdy we adyna Yshak dakdy. Bu at «gülki» diýmegi aňladýandyr. Çünki ogly doglanda, Saraý bilen Ybraýym keýp edip gülüpdiler. Bu Hudaýyň aýratyn sylagydy. Indi olaryň mirasdary bardy. Hudaý hat-da mümkin däl ýaly bolup görünýän wadalaryny-da ýerine ýetirýändir. Haçan-da Saraý Hudaýa ynanyp, wada berlen ogla garaşanynda, dogry saýlaw etdi. Ýada salalyň Ybraýym bilen Saraý Hudaýyň nähili wadasy hakynda ýatlarynda saklamalydylar? Näme üçin Hudaýa bil baglamak Saraý üçin kyndy? Saraý dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Doglan çaga näme at dakdylar? Öz saýlawyň hakynda oýlan Adamlar saňa nähili wadalar berýärler? Olaryň öz sözlerinde durjakdyklaryna ynanýarsyňmy? Näme üçin hawa ýa-da ýok? Hudaý seni söýüp, goramaklygy wada berýär. Sen Oňa ynanyp bilermiň? Näme üçin hawa ýa-da ýok? Dogry saýlaw etmegi öwren Özüňi Hudaýyň söýüp, hemişe goramaklyk hakyndaky wadasyny ýerine ýetirýändigine birnäçe subutnamasyny getir. Haçan-da Hudaý Öz wadasyny ýerine ýetireninde, ýüzüňiň nähili bolýandygyny surat arkaly beýan et. Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine bolan ynam hemişe şatlyk getirýändir. Dileg edeliň Hudaý, Seniň wadalaryňyň ýerine ýetmegine garaşanymyzda, bize sabyrlylyk ber. Özüňiň beren ähli wadalaryňyň ýerine ýetýändigine ynanyp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Nohut çorbasy Gelip çykyş 25:19–34 ESAW GELJEKDE ÖZ NESLINIŇ BAŞY BOLMAK ISLEDIMI? DA OL ŞU WAGT, ŞU ÝERDE ÖZÜNE NÄME GEREKDIGI HAKYNDA OÝLANDYMY? Ybraýym bilen Saraýyň ogly Yshak ulalyp, Ribkany aýallyga aldy. Yshak bir günde doglan iki ogluň atasy boldy. Oglanlar ekizdiler, emma daş-keşbi we gylygy boýunça olar bir-birlerine meňzemeýärdiler. Yshagyň ogullarynyň biri doglanynda, bütin endamy tüýlekdi. Oňa Esaw diýip at dakdylar. Ol öz doganyndan bary-ýogy birnäçe minut öň doguldy. Diýmek, Esaw uly oguldy, oňa ilkinji ogul haky degişlidi — wagtyň geçmegi bilen ol öz nesline baş bolmalydyr. Haçanda Esaw ulalanda, güýçli erkek bolup ýetişdi we köp wagtyny awçylyk bilen meşgullanmaga sarp edýärdi. Yshagyň beýleki oglunyň adyna Ýakup dakdylar. Ol eli bilen doganynyň ökjesinden berk ýapyşyp doguldy. Haçan-da Ýakyp ulalanda, ol öz öýünden daşlaşmaga synanyşmaýardy. Dogany Esawyň getiren balyklaryndan we guşlaryndan nahar taýýarlamak oňa ýaraýardy. Onsoň doganlar Ýakubyň taýýarlan naharyny bile iýerdiler. Ýakup dogany Esawdan bary-ýogy birnäçe minut kiçidi we ol haçan-da bolsa bir wagt öz nesliniň başy bolmagy isleýärdi. Bir gezek Esaw awdan gaty ajygyp geldi. Ýakup bolsa bütin gün uly gazanda nohut çorbasyny bişirýärdi. M-m-m-m. Bu çorba şeýle bir işdäli ys berýärdi! Nohudyň ysy bar ýere ýaýrady. Esaw bu ysy duýup, özüniň gaty açdygyny duýdy. Bir çanak nohut çorbasy üçin Esaw Ýakuba bar zadyny bermäge taýyndy. Ýakyp Esawa mekirlik etmegi ýüregine dowdi. Ine, ol özüniň uly doganyna näme diýdi: — Men saňa nohut çorbasyny bererin. Emma onuň deregine sen maňa ilkinji ogul hakyny berersiň. Wagty gelende, neslimize baş bolmagy sen maňa berermiň? Şeýlelikde, Esaw wajyp saýlaw etmelidi. Ol biraz garaşyp, başga zat iýip bilerdi. Şonda ol geljekde öz nesliniň başy bolup bilerdi. Ýa-da ol nohut çorbasyny hut şu wagt iýip bilerdi. Şeýle bolanynda, ol özüniň ilkinji ogullyk hakyny dogany Ýakuba bererdi. Esaw dogrudanam gaty açdy. Şonuň üçin hem ol şeýle diýdi: — Ilkinji ogullyk haky seniňki. Wagty gelende, biziň neslimiziň başy bolup bilersiň. Şu wagt bolsa maňa nohut çorbaňdan ber. Ýakyp doganynyň haýyşyny ýerine ýetirdi. Açlykdan ölüp barýan Esaw iýýärdi we hiç saklanyp bilmeýärdi. Ol hatda özüniň eden işi hakda oýlanmady: ol özüniň ilkinji ogullyk hakyny bir çanak nohut çorbasyna satdy. Esawyň şeýle sabyrsyz we samsyklygy üçin Hudaý ökündi. Onuň dogany Ýakuba bolsa Ol nesliniň akylly başy bolmaga kömek eder. Ýada salalyň Esaw Ýakupdan näme sorady? Näme üçin Esaw özüniň ilkinji ogullyk hakyny doganyna berdi? Esaw dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Bir zatlary etmekligiň ýeňip bolmaýan islegini başyňdan geçirdiňmi? Belki-de, sen gutudaky süýjüleriň baryny bir gezekde iýensiň? Ýa-da ulularyň buýruşlary ýaly öýüňe gitmäň, dostuň bilen oýnamagyňy dowam etdirensiň. Şondan soň näme boldy? Dogry saýlaw etmegi öwren Näme etmegiň dogrudygy hakynda oýlan we onsoň näme saýlaýandygyňy çöz: ejeňe kömek etmek ýa-da onuň diýenine gulak asmazlyk; günortanlyk nahary iýmek ýa-da ony özüňden daşlaşdyryp, telewizora serermek; her gün Mukaddes Kitap taryhlaryny okamagy meýilleşdirmek ýa-da bu meýilnamadan ýüz öwürmek. Şu wagt biziň saýlaýanymyz, geljekde biziň durmuşymyzy özgerdip biler. Dileg edeliň Hudaý, hemişe özümiz üçin has wajyp bolanyny etmäge bize kömek et. Iň esasy zadyň Saňa hyzmat etmegi we Seni söýmekligi saýlamakdygyny hemişe ýadymyzda saklamaga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Tüýlek eller Gelip çykyş 27 ÝAKYP ÖZ KAKASYNA HAKYKATY AÝTDYMY? DA OL KAKASYNY ALDADYMY? Ýakyp öz nesliniň başy bolmagy güýçli isleýärdi we ol özüniň mekirligi bilen ilkinji ogullyk hakyny satmagyna Esawy mejbur etdi. Emma ol entek kakasynyň patasyny almady. Şol wagt onuň kakasy bolan Yshak gaty garrapdy. Ol zordan eşidýärdi we gözleri görmeýärdi. Bir gezek Ýakubyň ejesi Ribka ogluna şeýle diýdi: — Ine, men näme oýladym, Ýakyp. Doganyň Esawyň elleri tüýlek. Geçileriň ýüňüni al, onuň bilen eliňi dola we özüňi Esaw ýaly alyp bar. Şonda kakaň saňa öz patasyny berer. Ýakyp öz nesliniň başy bolmagy gaty küýseýärdi we şonuň üçin hem ejesiniň aýdanlary bilen ylalaşdy. Ol ellerini geçiniň ýüňi bilen dolap, kakasynyň çadyryna geldi. Öz ýany bilen bolsa bu waka mynasybetli ejesiniň taýýarlan naharyny hem getirdi. Yshak etli naharyň tagamly ysyny duýdy. Bu Esawyň awdan getiren guşundan taýýarlanan naharyň ysydyr diýip, Yshak oýlady. Ýakyp bolsa öz kakasyna hakykaty aýtmaga synanyşmady. Yshak baryny iýip, şeýle diýdi: — Uly oglum Esawa pata berýärin. Esawyň elleri tüýlekdi. Sen meniň oglum Esawmyň? Şeýlelikde, Ýakup wajyp saýlaw etmelidi. Ol hakykaty aýdyp bilerdi. Şeýle bolanda, kakasy Esaw üçin niýetlenen patany Ýakuba bermezdi. Ýa-da ol özüni Esaw diýip aldap, kakasynyň patasyna eýe bolup bilerdi. Şonda ol nesliniň başy bolardy. Ýakup näme etdikä? Ol geçi ýüňi bilen dolanan ellerini kakasyna uzatdy. Yshak ogluny görüp bilmeýärdi, emma öz alnynda Esawyň durandygyna ynandy. Şonuň üçin hem oňa pata berdi. Şeýdip Ýakup nesliniň başy boldy. Bu hakda bilip, Esaw gaty gazaba mündi. Ol şeýle bir gaharlanypdy welin, golaý geleninde, dogany Ýakuby öldürmegi niýet edinipdi. Ejesi Ýakubyň ýola düşmegine kömek etdi. Hawa, Ýakup nesliniň başydy, emma bolan wakadan soň ol ata öýünde bolup bilmedi. Ol Esawdan gaçmaga mejbur boldy. Ýakubyň ýalany aýdany üçin Hudaý gamgynlandy. Emma şonda-da Ol ony söýýärdi we Ýakup nirä gitse-de, Ol ony goraýardy. Ýada salalyň Nädip Ýakup öz kakasyny aldady? Özüniň nädogry saýlawyndan soň Ýakup bilen näme boldy? Öz saýlawyň hakynda oýlan Halas etmek üçin aldamak diýilýäniň, ýalanyň we gaty «bezelen» taryhyň arasynda näme tapawut bar? Özüň üçin hakykaty aýtmaklygyň kyn bolan ýagdaýyny ýadyňa salyp bilýäňmi? Haçan-da sen aldanyňda — halas etmek üçin aldanyňda ýa-da ýalan gepläniňde näme bolup geçýär? Dogry saýlaw etmegi öwren Oýnaýan gutujyklaryňdan Ýakubyň öz dogany Esawdan gaçan uzyn ýoluny ýasa. Özüňi Ýakubyň ornunda göz öňüňe getir we öz ata öýüňden gitdigiňçe daşlaşyp, sen näme duýýarsyň? Hakykaty aýtmaklyk aldamakdan hemişe-de oňatdyr. Dileg edeliň Hudaý, aldan pursatlarymyzda, Sen bizi bagyşla. Seniň bagyşlamaň we özümize bolan söýgiň üçin minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Doganlar Gelip çykyş 32–33 ESAW ÝAKUBY BAGYŞLADYMY? DA OL ÖZ DOGANYNA GAHARLANMAGYNY DOWAM ETDIRDIMI? Ýakup özüni gaty ýeke duýýardy. Uzak wagtlap ol özüniň dogduk mekanyndan daşda ýaşady. Kakasynyň öýüni taşlap gideninden, eýýäm ençeme ýyllar geçdi. Indi onuň özüniň uly maşgalasy bardy. Onuň süri-süri goýunlary, düýeleri we geçileri bardy. Onuň sansyz-sajaksyz sygyrlary we eşekleri bardy. Emma onuň ýanynda dogany Esaw ýokdy. Ýakup watanyna dolanmak isleýärdi, emma gorkýardy. Ol öýüni taşlap gidende, Esaw gaty gaharlydy. Belkide, ol entegem öz doganyna ölüm dileýändir. Belki-de, Esaw dogany Ýakubyň bütin maşgalasyny ýok etmek isleýändir. Ýakup özüni şeýle bir ýeke duýýardy welin, ahyrsoňy özüni Hudaý dogany Esaw bilen ýaraşdyrar diýen umyt bilen öýüne dolanmagy makul bildi. Öz maşgalasy we dowarlary bilen Ýakup ýola düşdi. Ýol ugry ol Esawyň ýanyna öz adamlaryny goýberdi. Ol özüniň dolanyp gelýänligi hakynda doganyna duýduryş bermek isläpdi. Ine-de ol goýberen adamlary arkaly Esawyň özüne tarap gelýändigini bilýär. Esaw ýeke däl — onuň ýanynda dört ýüz adam bar! Bu habar zerarly gorka düşen Ýakup Hudaýa dileg bilen ýüzlendi: — Sen meniň öýüme dolanmagyny buýurdyň. Sen men hakda alada etmegi wada berdiň. Sen hemişe-de meni söýýärdiň we maňa mähirli bolduň. Meniň maşgalam uly we hut şu wagt men Seniň kömegiňe mätäçdirin. Haýyş edýärin, meni Esawdan gora. Ertesi gün Ýakup öz sürüsiniň bir bölegini dogany Esawa sylag hökmünde iberdi. Ol oňa goýunlar, geçiler we düýeler, şeýle-de sygyrlar we eşekler iberdi. Bir günden soň Ýakup Esawy we onuň ýanyndaky adamlary gördi. Iberilenler Esawa sylaglary berdiler we bularyň barynyň dogany Ýakupdandygyny aýtdylar. Ýakupdan! Emma ençeme ýyl geçdi ahyryn! Bir wagtlar Ýakup mekirlik bilen doganyny ilkinji ogullyk hakyndan elini çekmäge mejbur edipdi. Ine-de, indi ol öýüne dolanyp gelýär. Şeýlelikde, Esaw wajyp saýlaw etmelidi. Ol dört ýüz adamy iberip, Ýakuby we onuň maşgalasyny gyryp bilerdi. Ýa-da ol özüniň nädogry saýlaw edendigini boýun alyp, Ýakuby bagyşlap bilerdi. Ahyrsoňy ol bir çanak nohut çorbasy üçin özüniň ilkinji ogullyk hakyny satmaly däldi. Esaw öz maşgalasy, özüniň dowarlary we esgerleri bilen Ýakuba tarap öňe ýöredi. Ýakup uly märekäni we onuň başynda gelýän Esawy görüp, gaty gorkdy. Emma ol yzyna dönmedi. Ol maşgalasynyň saklanmagyny buýrup, ýeke özi öňe gitdi. Ýakup haýallyk bilen Esawa ýakynlaşdy we çyn ýürekden garşylady. Esaw doganyna elini uzadyp, ony gujaklady. Ol argülýärdiler we aglaýardylar, gaty sesler bilen bir-birlerini garşy aldylar. Ýene-de bilelikde bolmak neneň täsin! Öz aralarynda parahatlygyň we düşünmekligiň bolmagyny Hudaýyň isleýändigini doganlar bilýärdiler. Bütin ýolda Hudaý Ýakup bilen boldy. Indi ol Ýakubyň öz nesliniň başy bolmagy üçin ony ata watanyna alyp geldi. Ýada salalyň Näme üçin ata watanyna dolanmak Ýakup üçin gorkunçdy? Haçan Ýukaby görende, Esaw nähili hereket etdi? Esaw dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Doganlar ýene-de bile bolýandyklaryna şatdylarmy? Sen bu hakda nädip bildiň? Öz saýlawyň hakynda oýlan Maşgalaňyň bir agzasynyň özüni beýleki agzalaryň hemmesiniň bagyşlamagyny islän pursadyny ýadyňa sal. Bagyşlama eýe bolmak onuň üçin ýeňil boldumy ýa-da kyn? Ýaraşylmazyndan ozal we soň hemmeler nähili duýgulary başlaryndan geçirdiler? Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyza kiçijik betnyşan bir zady çek. Ol nägileligiň suraty bolar. Haçan-da maşgalaňda kimdir biri öýkeläp başlanda, oňa bu suraty ber. Ol adam seniň çeken betnyşanyňy gören dessine, öýkelemegini bes etse gerek! Bagyşlap, nägilelikden azat bolmagyň neneň oňatdygyna göz ýetir. Nägilelik göredenden, hemişe bagyşlamak oňatdyr. Dileg edeliň Hudaý, hatda adamlar biziň göwnümize degip, aldaýan hem bolsalar, olary bagyşlap bilmäge bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Guýuda Gelip çykyş 37:12–35 DOGANLARY ÝUSUBA OŇAT GATNAŞYK ETDILERMI? DA OLAR OŇA GÖDEK GATNAŞYK ETDILER? Ýakubyň on iki oguly bardy. Käwagtlar olar agzybir zähmet çekýärdiler. Käwagtlar bolsa ähli doganlar ýaly, olar hem jedelleşerdiler. Ýakubyň bir oglunyň adyna Ýusup diýýärdiler. Ol doganlarynyň iň kiçisidi we kakasyndan daşlaşmaýardy. Ýakubyň uly ogullary meýdanda işläp, goýunlary bakýardylar. Ýusup ulalanda, ol doganlaryna kömek etmäge başlady. Käwagtlar Ýakup ähli atalar ýaly, kä bir ogluna, kä wagtlar bolsa beýleki ogluna sowgat ederdi. Emma bir gezek ol Ýusuba aýratyn bir zat — täze we owadan don sowgat etdi. Ýakubyň her bir ogly kesgitli bir reňkli: mele, ýaşyl, goňur geýim geýýärdiler. Emma kakasynyň Ýusuba sowgat eden dony bolsa dürli reňklidi: sary, gyzyl, mawy, ýaşyl, şeýle-de altyn we kümüş reňklidi. Bu gaty owadan dondy. Ýusup ony dessine geýdi. Ol neneň bagtlydy! Doganlary bolsa kakalarynyň şeýle owadan dony sowgat eden Ýusuba göripçilik edýärdiler. Bir gezek gije Ýusup geň düýş görýär. Ukusyndan tutup, ol düýşüni doganlaryna gürrüň berýär: — Düýşümde siz on bir sany bugdaý dessisi bolduňyz. Men bolsa on ikinjidim. Siziň baryňyz maňa tagzym etdiňiz, çünki men iň hormatlydym. Emma doganlary maşgalalaryndaky iň kiçä boýun bolmak islemeýärdiler. Olar onuň düýşleri hakynda mundan beýläk hiç zat eşitmek islemeýärdiler. Şonuň üçin hem Ýusup ýene bir düýşüni gürrüň berende, olar gaty gaharlandylar. Bu gezek oňa gün, aý we on bir sany ýyldyz tagzym etdi. Şonda kakasy Ýusupdan sorady: — Men we ejeň haçan-da bolsa bir wagt saňa tagzym etmek üçin gelerismikä? On bir doganlaryň hem saňa tagzym ederlermi? Ýusubyň doganlary gaty göripdiler. Olar özleriniň iň kiçi doganlaryna kakalarynyň sowgat eden täsin sowgady hakynda hiç-de ýatlaryndan çykaryp bilmeýärdiler. Indi bolsa Ýusup olaryň özüne tagzym etjekdiklerini aýdýar. Şeýlelikde, doganlar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Ýusuby öz gününe goýup, öz işleri bilen bolup bilerdiler. Olar özlerine kakalarynyň neneň oňat sowgatlar berendigini ýatlap bilerdiler. Ýa-da olar Ýusubyň dürli reňkli donuny alyp bilerdiler we onuň mundan beýläk öz ýollarynda durmazlygy üçin, Ýusuby hatda öldürip bilerdiler. Doganlar näme etdiler? Haçan-da Ýusup kakasynyň buýrugy boýunça doganlarynyň ýagdaýlaryny bilmäge gelende, doganlary onuň üstüne topuldylar. Doganlarynyň ýagdaýlary oňatdy, ýöne Ýusup tizara özüni gaty erbet duýdy. Doganlary onuň dürli reňkli donuny çykaryp aldylar, onuň özüni bolsa çuň guýa taşladylar. Olar Ýusuby öldürmäge synanyşdylar, emma şol pursat Müsüre gidip barýan kerweni gördüler. Şonda doganlaryň biri teklip edip: «Geliň, Ýusuby Müsüre barýan kerwenli alyjylara satalyň» diýdi. Olar hut şeýle-de etdiler. Onsoň doganlar Ýusubyň donuny gana boýadylar we dilim-dilim etdiler. Indi Ýusubyň dony edil onuň ýyrtyjy haýwan bilen urşany ýaly görünýärdi. Olar ýyrtylan dony kakalaryna eltip görkezdiler we özleriniň kiçi doganlaryny ýyrtyjy haýwanyň parçalandygyna ynandyrdylar. Ýakup özüniň söýgüli ogluny aglady. Ol indi hiç haçan hem Ýusuby görmerin diýip oýlady. Doganlarynyň Ýusup bilen şeýle gödek eden hereketleri Hudaýy gaty gamgyn etdi. Emma Ol Ýusuby Müsürde taşlamady we hemişe onuň bilen boldy. Ýada salalyň Doganlary Ýusubyň täze donuna nähili seretdiler? Özleriniň kiçi doganynyň düýşleri hakynda bilip, olar näme duýdular? Doganlary Ýusup bilen näme etdiler? Olar dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Seni öz doganlaryňa, uýalaryňa ýa-da dostlaryňa göripçilik etmäge näme mejbur edýär? Bu duýgynyň özüňe bütinleý agalyk edip ýetişmänkä, sen nädip ondan azat bolup bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyz sahypasyny Ýusubyň donundaky reňklere boýa. Ony boýamagyň bilen, sen adamlara oňat gatnaşyk etmegiň nämedigi hakynda oýlan. Belki-de, bir adamda seniň eýe bolmak isleýän zadyň bardyr. Hut şol adama nähilidir bir oňat zat edip bilýänligiň hakynda pikirlen. Özümizde baryna şatlanyp, beýlekilere göripçilik etmezligimizi Hudaý isleýändir. Dileg edeliň Hudaý, beýleki adamlara oňat gatnaşyk etmegi bize öwret. Hatda olarda biziň eýe bolmdy zadymyz bar hem bolsa, olar üçin şatlanyp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Dowamly garaşyk Gelip çykyş 39; 41 ÝUSUP HUDAÝA YNANDYMY? DA OL HUDAÝYŇ NIÝETI BABATDA ŞÜBHELENDIMI? Ýusup ata watanynda uzakda ýaşady. Doganlarynyň Ýusuby satan alyjylary ony Müsüre getirdiler. Şol ýerde ol bir baý müsürliniň öýünde hyzmat etmelidi. Ýusup oňat hyzmatkärdi, ol özüne buýrulanlaryň baryny ýerine ýetirýärdi. Emma bir gezek hojaýynyň aýaly Ýusuba gaty gaharlandy. Ol aýal aldaw arkaly ýaş hyzmatkäri zyndana taşlamaga ärini mejbur etdi. Indi Ýusup azat uçýan guşlary, ýüzüne damýan ýagyş damjalaryny duýup bilmeýärdi. Zyndanda oturmak oňa hiç-de ýaramaýardy. Bu ýerden çykmaga Hudaý kömek eder diýip, ol gün-günden umyt edýärdi. Emma wagt geçýärdi, emma oglanyň durmuşynda bolsa hiç zat hem özgermeýärdi. Şeýlelikde, Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň kömegine garaşman, öz güýji bilen zyndandan çykmaga synanyşyp bilerdi. Belki-de, ol garawullaryň biri bilen şertnama baglaşardy. Belki-de, açarlary ogurlap, azatlyga çykyp bilerdi. Ýa-da ol Hudaýa bil baglap, özi bilen bolýanlaryň baryny Hudaýyň niýetiniň bir bölegi hökmünde kabul edip bilerdi. Ol Hudaýyň özüne näme etmelidigini aýan edýänçä garaşyp bilerdi. Ýusup Hudaýa bil baglamagy çözdi. Ol zyndanda uzak wagtlap oturdy. Bir gezek onuň ýanyna bir adam geldi. Bu fyrownyň kömekçisidi. Müsüriň patyşasy Ýusubyň düýşleri ýorup bilýändigi hakynda bilipdir. Müsürlileriň alyhezretlerine bolsa bir geň düýş görnüpdir. Indi bolsa ol Ýusubyň yzyndan adam iberdip, öz düýşüniň ýorgudyny onuň aýdyp bermegini talap edipdir. Fyrownyň kömekçisi Ýusuby köşge alyp geldi. Şol ýerde oglan fyrownyň geň düýşünde ýedi sany daýaw, semiz we ýedi sany arryk, hor sygyrlary görendigi hakynda eşidýär. Fyrownyň düýşüniň näme aňladýandygyny Hudaý Ýusuba aýan etdi. Ýusup şeýle diýdi: — Ýedi sany semiz sygyrlar — bu ýedi hasylly ýyldyr. Meýdanlarda kän däne bolar we halk açlyk çekmez. Ýedi sany hor sygyrlar — bu meýdanlarda däne galman, elhenç açlyk ýyllarydyr. Fyrown: «Onda biz näme etmeli?» diýip sorady. Ýusup bolsa: «Entek hasyl bol-ka, dänäniň artygyny ammarlara üýşürmeli. Ýurda açlyk gelende bolsa, şol ammarlardan ulanmaly». Şeýdip, Ýusup fyrownyň esasy kömekçisi boldy. Müsürde ýygnalan ähli dänäniň hasabyny oňa tabşyrmagy ynandylar. Hasylyň bol ýyllarynda Ýusup dänäniň artygyny ullakan ammarlara ýygnap, şol ýerde saklady. Onsoň gurakçylyk ýyllary geldi we ýagyş bolmazlygy sebäpli, bar hasyl köki bilen gyryldy. Müsürde açlyk başlandy. Emma Ýusubyň ammarlary nandan doludy. Taýýarlan ätiýaç däneleri ol mätäç bolanlara berýärdi. Müsürliler Ýusubyň ýanyndan däneli dolanyp gelip, özlerine çörek bişirerdiler. Özüne Ýusubyň ynanyp, Özünden kömege garaşanlygyndan Hudaý hoşaldy. Hudaýyň niýeti dogrudanam täsindi! Hudaý Ýusubyň Müsürde iň wajyp adam bolmagyna kömek etdi. Ýada salalyň Zyndanda otyrka, Ýusubyň keýpiköklügi nähilidi? Näme üçin Ýusubyň öz güýjüne daýanyp zyndandan çykmak çözgüdi nädogry saýlawdy? Nädip Ýusup fyrowna we bütin müsürlilere kömek etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Öz dilegiňiň jogabyna uzak wagtlap garaşmaly pursatlaryň boldumy? Belki-de, sen dessine jogap almaga garaşansyň. Sen Ýusup ýaly bolup bilermiň? Onuňky ýaly garaşyp, Hudaýa bil baglap bilermiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Özüni mugallymyň, lukmanyň, aşpeziň, ussanyň ornunda göz öňüňe getirip gör. Haçan-da sen ulalanyňda, özüňiň haýsy iş bilen meşgullanmalydygyňy bilmegiňe Hudaý kömek eder. Hudaýyň jogabyna garaşmak — hemişe-de dogry karardyr. Dileg edeliň Hudaý, dileglerimize Özüňiň bellän wagtyňda jogap berýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Biziň her birimiz babatdaky niýetleriň üçin minnetdardyrys. Nähili hereket etmelidigimizi bize aýan ederiňe garaşýarkak, biziň bilen bile bol. Isanyň ady bilen. Omyn. «Men Ýusup» Gelip çykyş 42–45 ÖZ DURMUŞYNDA BOLUP GEÇEN OŇATLYK HAKYNDA ÝUSUP OÝLANDYMY? ÝA-DA OL DIŇE ERBETLIK HAKYNDA OÝLANDYMY? Ýusuby Müsüre barýan alyjylara satyp, doganlar kakalarynyň ýanyna dolanyp geldiler we özleriniň iň kiçi doganlaryny ýyrtyjy haýwanlaryň parçalandygyna ony ynandyrdylar. Doganlar, elbetde, Ýusubyň ölmändigini bilýärdiler. Emma olar mundan beýläk ony görmeris diýip oýlaýardylar. Hasylsyz bir ýylyň yzyndan ýene biri geldi we meýdanlarda ýene-de däne ösmedi. Indiki ýyl hem edil şeýle boldy. Hut şeýle ýagdaý ýedi ýyllap dowam etdi. Ahyrsoňy açlygy gandyrar ýaly hiç kimde-de ýeke däne-de galmady. Bu gaty etbet habardy. Emma soň Ýakup oňat habar eşitdi. Müsürde nan bar! Bu ýurtda bir akylly adam dänäniň uly möçberini ýygnapdyr. Ýakup ýanyna öz ogullaryny çagyrdy. Ol olaryň Müsüre gitmeklerini buýurdy. Haçan-da olar ol ýerden satyn alnan dänäni getirenlerinde, kän çörek bişirerler we açlyk hakynda ýatlaryndan çykararlar. Doganlar düýeli ýola düşdüler. Olar uzak wagtlap ýol geçdiler we ahyrynda Müsüre baryp ýetdiler. Şol ýerde olar kän däne ýygnan wajyp adam hakynda bildiler. Onuň ýanyna gelip, doganlar özlerini gaty hormatly alyp bardylar. Olar onuň öňünde tagzym edip, özlerine däne satmagyny haýyş etdiler. Ýakubyň doganlary öz dogany bilen gürleşýändiklerini bilmediler. Emma Ýusup ös doganlaryny tanady. Birnäçe ýyl mundan ozal özüni olaryň alyjylara satandyklaryny onuň ýadyndady. Şeýle-de, Ýusup özüniň şu wagta çenli görmedik kiçi dogany Benýamynyň kakasy bilen galandygy hakynda olardan bildi. Şonuň üçin hem ol öz doganlarynyň birini Müsürde galdyrdy, beýlekileri bolsa öýlerine goýberdi we olaryň Benýamyny alyp, yzlaryna dolanyp geljekdiklerine ant içdirdi. Ýusup doganlarynyň haltalaryny däneden dolduryp, olaryň içine satyn alnan pullary goýmagy buýurdy. Haçan-da doganlar bu pullary tapanlarynda, näme hakda oýlanmalydyklaryny bilmediler. Özlerine Ýusup jeza berer öýdüp, olar gaty gorkdular. Emma şonda-da Ýakubyň ogullary Müsüre gaýdyp gelip, öz ýanlary bilen Benýamyny hem alyp geldiler. Ýusup olar üçin baýramçylyk naharyny taýýarlyp, öz öýüne çagyrdy. Tizara doganlar däneden doly haltalary bilen yzlaryna ýola düşdüler. Emma olar şäherden ýaňyja çykanlarynda, Benýamynyň haltasynda özüniň kümüş käsäsini gizlän Ýusup hyzmatkärine ýolagçylaryň yzlaryndan ýetip, olary yzlaryna getirmegi buýurdy. Kümüş käsäni ogurlandygy üçin, Benýamyny Müsürde saklamalydygyny Ýusup aýtdy. Onuň uly doganlary Benýamyny galdyryp bilmeýändiklerini, bu habaryň bolsa kakalaryny gaty gamgyn etjekdigini aýtdylar. Indi Ýusup öz doganlarynyň neneň mähirli bolandyklaryna düşündi. Şeýlelikde, Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol öz durmuşynda bolup geçen oňatlyk hakynda oýlanyp bilerdi, çünki ol Müsürde bolupdy. Ol ammarlardaky däneler hakynda, açlykdan goran adamlary hakynda oýlanyp bilerdi. Ol öz doganlaryna açylyp, olaryň erbetliklerini bagyşlap bilerdi. Ýa-da özüni olaryň alyjylara satyp, eden ýamanlyklaryny ýadyna salyp bilerdi. Jeza deregine, olary zyndana taşlap bilerdi. Ine, Ýusup näme etdi. Ol gygyryp: «Men Ýusup! Siziň doganyňyz» diýdi. Ýakubyň ogullary gorkudan titreşdiler. Emma Ýusup olary köşeşdirdi: — Özümi siziň öldürmäge synanyşandygyňyzy bilýärin. Emma maşgalamy gorap bilmegim üçin, Hudaý meni Müsüre getirdi. Bu ýerde iýere nan kän we siziň hiç biriňiz açlykdan ölmersiňiz. Kakamy bu ýere getiriň we biz ýene-de bilelikde ýaşarys. Özüniň durmuşyndaky ähli ýamanlyklary Hudaýyň ýagşylyga öwrendigine Ýusup düşündi. Ýusubyň muňa düşünendiginden we doganlaryny bagyşlap, öz maşgalasyna kömek edendiginden Hudaý hoşal boldy. Ýada salalyň Näme üçin Ýusubyň doganlary Müsüre geldiler? Haçan-da Ýusup doganlaryny görende, ol olaryň nähili ýamanlyklary ýatlady? Ýusup diňe doganlarynyň özüne ýetiren ýamanlyklaryny ýadynda sakladymy? Ýusup dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Nädip Hudaý Ýusubyň durmuşyndaky ähli ýamanlyklary ýagşylyga öwürdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Nähili kyn ýagdaýlar seniň maşgalaň üçin ýagşylyk bolup hyzmat etdi? Diňe erbet zatlar hakynda pikir edeniňde, seniň keýpiköklügiň nähili bolýar? Ýamanlygyň ýagşylyga getirendigini aýan edeniňde, keýpiköklügiň nähili üýtgedi? Dogry saýlaw etmegi öwren Nähilidir bir ýaman wakalardan başlaýan bir taryhy düz. Onsoň onuň gutarýan ýagşy wakalaryny oýlap tap. Hatda nähilidir bir ýamanlyk bolsa-da, biz Hudaýyň özümiz babatda oňat niýetleriniň bardygyna ynanmalydyrys. Dileg edeliň Hudaý, haçan-da durmuşymyzda nähilidir bir ýamanlyk bolanynda, ruhdan düşmezligimize kömek et. Seniň ýamanlygy ýagşylyga öwrüp bilýändigiňe ynanyp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Suwda ýüzýän sebet Çykyş 1:6–2:10 MERÝEM ÖZÜNIŇ KIÇI DOGANYNA KÖMEK ETDIMI? ÝA-DA OL ÖÝÜNE GAÇYP GITDIMI? Ýusubyň we onuň doganlarynyň Müsüre göçenlerinden soň ençeme ýyllar geçdi. Indi Müsüre başga fyrown şalyk edýärdi. Bu fyrown Hudaýyň halkyny söýmedi we ony öz adyny şöhratlandyrýan ullakan gurluşyga gatnaşmaga mejbur etdi. Iş gaty agyrdy: toýundan kerpiç ýasamak, suw daşamak we äpet daşlary süýşürmek. Hudaýyň halky öz garşysyna aýaga galar diýip, fyrown gorkýardy. Şonuň üçin ol nädip bu halkyň sanynyň köpelmegine päsgel bermeligini hakynda oýlanýardy. Hudaýyň halky ogul edinmeli däl diýip, bir gün fyrown yglan etdi. Şol wagt bir aýalyň ogly dogulýar. Oglanjygy gaty söýýän ejesi ony nädip halas etmelidigini oýlap tapýar. Onuň meýilnamasy dogrudanam oňatdy. Üç aýlap ol hemmelerden öz çagasyny gizläp ýaşady. Onsoň berk sebet ýasap, içine suw girip, gark bolmaz ýaly edip, ähli deşiklerini ýapdy we içine ýumşak edip düşejk düşledi. Netijede kiçijik owadanja sallançak boldy we onuň içinde ogluny ýatyryp biljekdi. Onsoň aýal sebedi we öz ogluny Nil derýasynyň kenaryna alyp bardy. Onuň yzy bilen uly gyzy Merýem barýardy. Derýanyň boýunda ene ogluny ogşap, ony sebediň içinde ýerleşdi. Onsoň ony emaý bilen suwa goýdy. Sebet suwda gark bolmady! Onuň içinde çaga özüni amatly we gury duýýardy. Şeýdip, ene öýüne dolandy. Merýem bolsa özüniň kiçi dogany bilen näme bolýandygyna seretmek üçin kenaryň boýunda galdy. Tizara gyzjagaz kimdir biriniň sesini eşitdi. Ol kenaryň ýakasyndaky gamyşlary bir tarapa aýryp, suwa düşünmäge gelen fyrown gyzyny gördi. Belki-de, ol sebede üns berip, ondaky çagany tapar? Merýem näme etmelikä? Şeýlelikde, gyzjagaz wajyp saýlaw etmelidi. Ol kenaryň ýakasynda galyp, doganyna kömek edip bilerdi. Ýa-da ol öýüne gaçyp gidip bilerdi. Ine, Merýem näme etdi. Ol baryny öz gözi bilen görüp, gulaklary bilen eşitmek üçin galdy. Fyrownyň gyzy sebedi gördi we öz hyzmatkärleriniň birine ony getirmegi buýurdy. Sebediň aşagynda ýatan çaga çalaja sereden badyna, fyrown gyzy ony söýdi. Ol oglanjyga Musa diýip at dakdy we bäbegiň özüniň ogly boljakdygyny aýtdy. Şonda Merýem fyrownyň gyzynyň ýanyna baryp: «Men çaga hakda alada eder ýaly enekäni tapyp bilerin. Siz maňa rugsat berermisiňiz?» diýip, teklip etdi. — Hawa, elbetde! Bu diňe onuň peýdasy üçin bolar, — diýip, fyrownyň gyzy aýtdy. Merýem ejesi bilen bu täzelik hakynda paýlaşmak üçin öýüne tarap ylgady: olara kiçijik Musany alyp, fyrownyň gyzy üçin eklemek rugsat edildi! Bu onuň janyny gorar. Wagty geler we Musa fyrownyň köşgünde ýaşar! Merýemiň öz maşgalasyna kömek edeninden Hudaý hoşaldy. Ol kiçijik Musanyň howpsuzlykda bolmagy hakynda alada etdi. Bu Hudaýyň niýetine girýärdi! Ýada salalyň Näme üçin ene özüniň kiçijik ogly üçin sebet ýasady? Nädip uýasy özüniň kiçi doganyna kömek etdi? Merýem dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Öz maşgalaňa kömek etmek üçin sen nähili mümkinçilikleri ulanýarsyň? Kömege gelmegiň deregine, gaçyp gidesiň gelýän pursatlaryň bolýarmy? Şeýle ýagdaýlarda sen näme etmeli? Dogry saýlaw etmegi öwren Suwuň ýüzünde kiçijik Musaly sebediň nädip ýüzendigini göz öňüňe getirmegiň üçin uly kagyzy suwuň ýüzüne goý. Onsoň ulularyň kömegi bilen özüňi suwda alyp barmaklygyň howpsuzlygynyň düzgünlerini düz. Sen her kimiň bu düzgünleri ýerine ýetirmelidiklerini ýatladyp bilersiň! Beýleki adamlara nädip kömek etmelidigimizi görkezmegini Hudaýdan sorap bileris. Dileg edeliň Hudaý, beýleki adamlara peýdaly bolup bilmegimiz üçin biz elimizden gelenini etmek isleýäris. Her gün öz maşgalamyza nädip kömek etmelidigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. «Diňe men däl!» Çykyş 2:11–4:20 MUSA HUDAÝA GULAK ASDYMY? ÝA-DA OL ÖZÜNE HUDAÝYŇ AÝDANLARY BABATDA BIPERWAÝ GALDYMY? Musa Müsürde edil şazada kimin terbiýelendi we köşkde fyrownyň uly ogly hökmünde ýaşady. Ýöne hakykatda Musa özüniň Hudaýyň halkyndandygyny bilýärdi. Musa öz watandaşlaryny fyrownyň agyr işleri ýerine ýetirmäge mejbur edýändigini görýärdi we olary gullara öwrendiklerinden gaty närazydy. Ol Hudaýyň halkyna kömek etmek isleýärdi, emma oýlanman hereket edip başlady. Kömek etmek üçin onuň saýlan usuly Hudaýa ýaramaýardy. Ýogsa-da, Musa fyrownyň gazabyny özüne gönükdirdi. Şonuň üçin hem Musa Müsürden gaçmaly boldy. Uzak wagtlap ol çopan boldy. Ine-de, bir gezek Musa goýunlaryny bakyp ýörkä, geň ýagtylyga üns berdi. Daşrakda bir gyrymsy agaç ýanýardy, emma ýalyn onuň şahalaryny ýakmaýardy. Musa ýakynrak bardy we ýanyp duran gyrymsy agajyň arasyndan gelýän Hudaýyň sesini eşitdi. Musa aýakgabyny çykardy, çünki onuň duran ýeri aýratyndy we ýene ýakynrak bardy. Hudaý Musanyň Müsüre dolanmagyny isleýärdi. Şonuň üçin hen oňa: «Men seniň Öz halkymy Müsürden çykaryp, wada beren ýerime getirmegiňi isleýärin» diýdi. Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmäge Musa ylalaşdymyka? Musa jogap berdi: — Muny maňa bir diýme! Nädip men fyrowny Seniň halkyňy goýbermelidigine ynandyryp bilerin? Hudaý bolsa Musa şeýle diýdi: — Men seniň bilen bolaryn. Belki-de, Musa indi Hudaýa gulak asandyr? Emma Musa gaýtalap aýtdy: — Muny maňa bir diýme! Adamlar maňa ynanmazlar. Olar Seniň adyňy bilmek islärler. Men olara näme jogap bererin? Şonda Hudaý Musa şeýle diýdi: — Men ozaldan bar Bolan. Ine, Meniň adym. Indi Musa Hudaýa gulak asdymyka? Ýok, ol öz diýeninde berk durdy: — Muny maňa bir diýme! Seni görendigime halk ynanmaz. Muňa jogap edip, Hudaý Musanyň taýagyny taşlamagyny buýurdy. Taýak ýere degen dessine, ol ýylana öwrüldi! Hudaý Musa ýylanyň guýrugyndan tutmaklygy buýurdy. Musanyň elinde ýylan ýene-de taýaga öwrüldi. — Muny Meniň halkymyň gözüniň alnynda et, — diýip, Hudaý oňa aýtdy. — Şeýtseň, seniň Meni görendigiňe halk ynanar. Musa bu gezek ylalaşdymyka? Ýok, ol özüniňkide berk durdy: — Emma men dile çeper däl we meniň dilim düşnüksiz. Munda-da Musa kömek etjekdigini Hudaý aýtdy we onuň bilen Müsüre dile çeper bolan Musanyň doganynyň gitjekdigini wada berdi. Şeýlelikde, Musa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň tabşyrygyny eşitdi we indi özünden Onuň näme isleýändigini bilýärdi. Ol Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Müsüre dolanyp gelip bilerdi. Ýa-da ol biderek jedelini dowam etdirip bilerdi. Musa näme etdikä? Ol Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýerine ýetirmegi makul bildi we Müsüre dolanmaga ylalaşdy. Özüne gulak asandygy üçin Hudaý Musadan hoşal boldy. Musa öz güýjüne şübhelenýärdi, emma Hudaýdan eşidenleri sebäpli gaty tolgunypdy. Şeýdip, Musa Hudaýyň halkyny halas etmek maksady bilen Müsüre tarap ýola düşdi. Ýada salalyň Hudaý Musanyň näme etmegini isledi? Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmejek bolup, Musa nähili bahanalary oýlap tapdy? Musa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Sen özüňiň gitmek islemeýän ýerleriňiň biri hakynda ýatlap bilermiň? Ony ýatlan dessine näme duýýandygyň hakynda Hudaýa gürrüň ber. Onsoň Onuň bir wagtlar Musa kömek edişi ýaly, saňa-da kömek etmegini Ondan sora. Dogry saýlaw etmegi öwren Indiki gezek maşynda gideniňde, Hudaýyň öz ýanyňdadygy hakynda oýlan. Her bir meýilleşdirilen ýa-da meýilleşdirilmedik saklanmalaryňyzda sen: «Hudaý şu ýerde (bankda, kitaphanada, dükanda we ş.m.) biziň bilen» diýip bilersiň. Hudaý bizden soraýan zadyny biziň etmegimize kömek eder. Dileg edeliň Hudaý, käwagtlar Seniň özümizden soraýanyňy ýerine ýetirmek bize kyn bolýar. Seniň tabşyryklaryňy ýerine ýetirmäge edermenlik ber. Şeýle-de, hemişe, hemme ýerde Özüňiň biziň bilendigiňe ynamly bolmagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. «Ýok!» Çykyş 7–10 HUDAÝYŇ GUDRATLY GÜÝJÜNE FYROWN YNANDYMY? ÝA-DA OL HUDAÝYŇ GUDRATYGÜÝÇLÜDIGINE YNANMADYMY? Musa bilen onuň dogany Harun Müsüre dolanyp geldiler. Olar fyrowna onuň Hudaýyň halkyny azat etmelidigini aýtdylar, emma fyrown olara ynanmady. Şonda Harun özüniň çopan taýagyny ýere oklady we ol dessine ýylana öwrüldi. Emma fyrown öňküsi ýaly olara ynanmady we Hudaýyň halkyny azat etmelidigi hakynda eşitmek hem islemedi. Ol: «Ýok!» diýip gygyrdy. Musa özüniň Hudaýynyň ýeke-täk, hakyky Hudaýdygy, Onuň ähli müsürli hudaýlardan hem gudratlydygy hakynda fyrowna duýdurdy. Fyrown öz hudaýlary hakynda oýlandy. Näme üçin ol Musanyň Hudaýynyň gudratlydygyny boýun almalydyr? Ol ýene-de: «Ýok!» diýip gygyrdy. Şonda Hudaý müsürlilere belalar inderdi. Bu belalara Hudaýyň jezalary diýilýärdi. Ilki bilen Hudaý derýanyň suwuny gana öwürdi, onsoň müsürlilere elhenç gurbagalary iberdi. Şondan soň Musa ýene-de fyrownyň ýanyna baryp, Hudaýyň halkyny goýbermegini sorady. Emma fyrown ýene-de: «Ýok!» diýip gygyrdy. Soň Hudaý müsürlilere çybynlary iberdi, onuň yzysüre siňek ýagdyrdy. Ol öý haýwanlaryny gyrýan kesel iberdi. Beýleki kesel zerarly haýwanlaryň we adamlaryň tenlerinde iriň peýda boldy. Şondan soň Hudaý doly ýagdyryp, çekirtge iberdi. Ahyrsoňy Müsüriň üstüne garaňkylyk abandy. Fyrownyň adamlary elhenç gorkudadylar. — Indi sen Hudaýyň halkyny iberermiň? — diýip, Musa fyrowndan sorady. Şeýlelikde, fyrown wajyp saýlaw etmelidi. Ol Musanyň Hudaýynyň gudraty güýçli Hudaýdygyna ynanyp, Onuň tebigatyň ähli güýçleriniň, haýwanlaryň we adamlaryň üstünden ygtyýarlyga eýedigini boýun alyp bilerdi. Şeýtse, ol Hudaýyň halkyny goýbermelidi. Ýa-da ol bu halky öňküleri ýaly gulçulykda saklap bilerdi. Ýöne fyrown ýene-de: «Ýok!» diýip gygyrdy. Özüniň gudratynyň güýçlüdigine fyrownyň ynanmandygy üçin Hudaý gaty gamgyn boldy. Ol Musanyň Öz halkyny azat etmek üçin iberipdi. Bu tabşyrygy onuň ýerine ýetirmegine Hudaý wagty gelende kömek eder. Ýada salalyň Hudaý fyrowndan nämä garaşýardy? Hudaý Müsüre nähili belalary iberdi? Fyrown dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Hudaýyň gudratly güýje eýedigine sen ynanýaňmy? Saňa kömege gelmek islegi bilen Özüniň bu güýjüni Hudaýyň ulanýandygyny ýadyňdan çykarma. Haçan-da syrkawlanyňda, keýpiňiň kök bolmanynda ýa-da ýyldyrym çakanda, Hudaýyň özüňe edýän kömegi hakynda gürrüň ber. Dogry saýlaw etmegi öwren Weýrançylyga getirip bilýän tebigy hadysalaryň atlaryny sanap geç (ýyldyrym çakmagy, ýertitreme, tupan we ş. m.). Şeýle ýagdaýlarda Hudaýyň elmydam ýanymyzdadygyny bilmek neneň teselli! Ol birwagtlar Müsürdäki Öz halky bilen bolşy ýaly, şu gün biziň her birimiz bilen hem bolýandyr. Biz Hudaýyň gudratygüýçlüdigine we Onuň özümizi söýýändigine berk ynanyp bilýändiris. Dileg edeliň Hudaýym, Saňa we Seniň gudratly güýjüňe biziň ynanyp bilmegimize kömek et. Sen bizi söýýärsiň we biz hem Seni söýýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Pesah Çykyş 11–12 HUDAÝ TARAPYNDAN AZAT BOLJAKDYGYNA HALK YNANÝARDYMY? ÝA-DA OL ÖZÜNI HUDAÝ MÜSÜRDEN ÇYKARYP BILMEÝÄR DIÝIP HASAPLADYMY? Fyrown Hudaýyň halkyny Müsürden goýbermeýärdi. Hudaý bolsa bu ýurda elhenç belalary inderýärdi. Her jezadan soň Musa fyrownyň ýanyna baryp, onuň halky goýbermegini soraýardy, emma Müsüriň hökümdary elmydan: «Ýok!» diýip gygyrýardy. Müsürlililere ölüm perişdesini goýbermekden başga Hudaýyň alajy galmady. Emma ol ilki bilen Öz halkynyň bu jezadan bütinleý goragly boljakdygyna göz ýetirmek isledi. Şonuň üçin hem Hudaý Musa giňişleýin görkezmeler berdi we ol hem näme etmelidiginiň baryny beýlekilere ýetirmelidi: — Öz öýleriňiziň gapylarynyň söýelerine guzynyň ganyny çalyň. Bu ölüm perişdesi üçin alamat bolar we ol şol öýlere girmez. Çörek bişiriň we muny adatdakysyndan çalt etmek üçin oňa hamyrmaýa goşmaň. Şeýle-de, otda guzynyň etini bişiriň. Haçan-da ony iýip bolanyňyzdan soň, islendik wagt ýola düşmäge taýyn boluň. Şeýlelikde, Hudaýyň halky wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa ynanyp, ähli etmeli zatlary: gapylarynyň söýelerine guzynyň ganyny çalyp, çaltlyk bilen nahar taýýarlap, ony iýip bilerdiler. Ýa-da Hudaýyň halky müsür gulçulygynda ah çekmegini dowam etdirip bilerdi. Ine, adamlar näme etdiler. Ölüm perişdesi şähere girýänçä, olar guzynyň ganyny gapylarynyň söýelerine çaldylar. Olar hamyrmaýasyz hamyrdan çörek bişirdiler we özleriniň gulçulykdaky agyr döwürlerini ýatlamagy aňladýan alamat hökmünde çöregi ajy otlar bilen iýdiler. Ölüm perişdesi şol wagt şäheriň köçelerinden barýardy. Olar islendik wagt çaltlyk bilen ýola düşmäge taýyn bolup, geýimlerini çykarman iýdiler. Ölüm perişdesi ýakynlaşýardy. Emma guzynyň gany olary goraýardy. Ölüm perişdesi Hudaýyň halkynyň ýaşaýan öýleriniň gapdalyndan sowlup geçýärdi. Bu halkyň arasyndan ýekeje adam hem ölmedi. Ölüm perişdesi ähli müsürlileriň öýlerine girdi we ahyrsoňy ol fyrownyň köşgüne tarap ugrady. Şol gije fyrown Musa bilen Harunyň yzyndan adam iberip, olara: «Müsürden güm boluň!» diýdi. Hudaýyň halky azatdy! Hudaý Öz adamlarynyň Özüne ynanyp, baryny Onuň buýruşy ýaly edendikleri üçin hoşaldy. Hudaý olary gorap, azatlyk berdi. Ýada salalyň Hudaý nädip Öz halkyny ölüm perişdesinden halas etdi? Halk Hudaýa ynanyp, Oňa gulak asdymy? Hudaýyň halky dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Şol gije fyrown Musa näme diýdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Hudaý bizi her hili belalardan halas edip bilýändir. Ol bizi günäden hem azat edip bilýär. Hudaýyň kömegi bilen sen nämeden azat bolmak isleýärsiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Käwagtlar matsa diýilýän hamyrmaýasyz çörek ýa-da adaty duzlanmadyk köke iýip gör. Ilkinji pesahdan bäri hamyrmaýasyz çörek ýewreýleriň pesah saçagynda hemişe-de bardyr. Bu olara we bize halas bolmanyň Hudaýdandygyna ynanmagyň wajypdygy hakynda ýatladýandyr. Hudaýyň özümizi her bir ýamanlykdan halas etmek isleýändigi üçin, biz Oňa ynanyp, Oňa gulak asyjylar bolup bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, bizi her bir ýamanlykdan azat edýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Özümizi günälerimizden halas etmek üçin Isany iberen Saňa biziň minnetdarlygymyz neneň uly. Isanyň ady bilen. Omyn. Deňziň içinden gury ýer boýunça Çykyş 13:17–14:31 ÖZLERINI MUSANYŇ DEŇIZDEN GEÇIRJEKDIGINE HUDAÝYŇ HALKY YNANDYMY? ÝA-DA ADAMLAR HUDAÝYŇ MUSA KÖMEK EDIP BILMEJEKDIGI HAKYNDA OÝLANDYLARMY? Musa we Hudaýyň halky Müsüri şadyýanlyk bilen taşladylar. Olar öz ýanlary bilen eşeklerini we geçilerini, sygyrlaryny we goýunlaryny aldylar. Hudaýyň halkyndan ýekeje adam-da Müsürde galmady. Olaryň bary öz atalary Ybraýymyň ýurduna ýola rowana boldular. Ulular we çagalar gidýärdiler. Ýaş adamlar we ýaşulylar gidýärdiler. Mundan beýläk olar adalatsyz fyrownyň gullary däl. Gapdaldan seredeniňde, olar uly baýramçylyga ýollananlar ýaly bolup görünýärdi. Fyrown bolsa Müsürde galdy. Haçan-da onuň gorkusy geçende, ol gaýga batdy, soňy bilen bolsa gazaba mündi. Gazaba münen fyrown özüni Hudaýyň halkyny ibermäge aldaw arkaly mejbur edendiginde Musany günäkärledi. Fyrown alty ýüz esgerini ýygnap, gaçgaklaryň yzlaryndan kowmaga başlady. Olar çalt arabalarda ýola düşüp, öz ýanlary bilen ýiti uçly naýzalary aldylar. Olar Musany saklap, Hudaýyň halkyny Müsüre dolandyryp getirmek çözgüdi doldurýardy. Hudaý Öz halkyny uzaklardan uzaklara alyp barýardy. Gündiz Ol Öz halkynyň alnynda bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, oňa ýol görkezýärdi. Ahyrsoňy olar öňlerinde göz aýlap bolmaýan Gyzyl deňzi gördüler. Adamlar yzlaryna seredip, uzaklarda çölüň içinde tozanyň göge galýandygyny gördüler. Tozan buludynyň içinde olar gaçgaklaryň yzyndan ýetip, olary Müsüre güýç bilen dolandyryp getirmek isleýän fyrown bilen onuň goşunlarynyň arabalaryny saýgardylar. Hudaýyň halky gorka düşüpdi. Öňünde ol deňzi, yzynda bolsa fyrown bilen onuň goşunlaryny görýärdi. Şonuň üçin hem özlerine kömek ederi ýaly, adamlar Hudaýa ýalbaryp başladylar. Emma soňy bilen olar Musa gaharlandylar: — Näme üçin sen bizi Müsürden alyp çykdyň? Biz öňkülerimiz ýaly gullar bolsak bolardy. Bu bolsa şu ýerde, çöllük ýerde ölenimizden gowy bolardy. Musa adamlary köşeşdirip, ruhlandyrmaga synanyşdy: — Gorkmaň. Siz bary-ýogy Hudaýyň özüňiz hakda alada edýändigine syn etmelisiňiz. Ol hem fyrowny, hem-de onuň goşunlaryny gyryp, sizi gorar. Şeýlelikde, Hudaýyň halky wajyp saýlaw etmelidi. Adamlar öz serkedesi bolan Musa ynanyp, özleriniň nähili hereket etmelidiklerini Hudaýyň aýtmagyna garaşyp bilerdiler. Ýa-da olar özleriniň güýjüne bil baglap, indi näme etmelidiklerini oýlap bilerdiler. Eger-de adamlar özlerini Hudaý halas edip bilmez diýip çözen bolsadylar, onda olar Müsüre dolanmaly bolsalar gerekdi. Ine, Hudaýyň halky näme etdi. Ol öz serkerdesi Musa seretdi. Ol ýaňyja Hudaý bilen gürleşipdi we indi özünden Hudaýyň islänini edýärdi. Musa taýagyny tutup duran elini galdyryp, deňze tarap görkezdi. Dessine güýçli şemal turdy we deňziň suwlaryna uruldy. Şemal bütin gijeläp şuwlady, daňdan bolsa deňziň suwy ikä bölündi we deňziň ortasynda gury ýer peýda boldy. Hudaýyň halky haýal etmän, deňziň beýleki kenaryna tarap gidýän bu gury ýere aýak basdy. Adamlaryň ýanlarynda goýunlar, geçiler, sygyrlar we eşekler barýardy. Ýoluň iki gyrasynda äpet suw diwarlary durdy, suw çaýkanýardy. Yzlarynda bolsa ýakynlap gelýän fyrownyň arabalarynyň sesi eşidilýärdi. Emma Hudaýyň halky deňziň içindäki gury ýer boýunça ýöreýärdi we özüni doly howpsuzlykda duýýardy. Haçanda iň soňky guzy kenara çykanda, Hudaý Musanyň taýagyny ýene-de deňze tarap uzatmagyny buýurdy. Musa muny edeni dessine, suw özüniň öňki ýerine dolandy we açyk duran gury ýeri örtdi. Tolkunlar birleşdi we hem fyrowny, hem-de onuň goşunlaryny, ähli arabalaryny gark etdi. Hudaýyň halky Musa ynandygy üçin gaty şatdy. Musa oňat serkerdedi. Ol Hudaýa gulak asdy we Ol hatda mümkin däl ýaly bolup görnende-de, adamlary goramaga oňa kömek etdi. Ýada salalyň Nädip bulut we ot sütüni Hudaýyň halkyna kömek etdi? Näme üçin halk gorkdy? Hudaýyň halky dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Näme üçin Musa oňat serkerdedi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Özüňden Hudaýyň nämä garaşýandygyny bilmegiň üçin, haýsy ýagdaýlarda saňa Hudaýyň kömegi wajyp? (Haçan-da men kyn ýagdaýa düşenimde, haçanda kimdir biri meniň göwnüme degende, haçan-da men syrkawlanymda we ş. m.). Näme etmelidigiňi aýdar ýaly saňa ýene kim gerek diýip hasaplaýaň? (Ata-eneler, mugallym, ýygnak çopany, beýleki mesihiler.) Dogry saýlaw etmegi öwren Bir ýere ýassyklary, ýorganlary we ýaglyklary üýşür, onsoň bu üýşmeleňiň arasyndan geçelge ýasa. Edil Hudaýyň halkynyň deňziň içindäki gury ýer boýunça geçişi ýaly edip, senem bu geçelge boýunça çalt geç. Biz Hudaýy söýýän adamlara ynanyp we olaryň özümize ýolbaşçylyk etmeklerine rugsat birip bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, ähli bolup geçýän zatlara Özüňiň ýolbaşçylyk edýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris! Haçanda özümize kömek gerek bolanda, bize ýolbaşçylyk edýän adamlara olaryň näme etmelidiklerini görkezýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Hudaýyň ýagşy parzlary Çykyş 19:16–20; 31:18; Kanun taglymaty 5 MUSA HUDAÝYŇ PARZLARYNY DIŇLEDIMI? DA OL OLAR HAKDA HIÇ ZAT BILMEK ISLEMEDIMI? Musa bilen Hudaýyň halky Ybraýymyň ýurduna tarap ýollaryny dowam etdirýärdiler. Hudaý olary goraýardy we elmydam olaryň ýanlaryndady. Bir gezek Hudaý Musanyň dagyň depesine çykamagyny buýurdy. Hudaýda Özüniň halky üçin birnäçe parzlary bardy. Emma adamlar Hudaýdan gorkýardylar, şonuň üçin hem Ol Musanyň bu parzlary diňlemegini buýurdy. Adamlaryň öz durmuşlaryndan gollanmaklary üçin Öz kanunlarynyň, parzlarynyň wajypdygyny Hudaý bilýärdi. Hudaýy nädip söýmelidigini, adamlary nädip söýmelidigini adamlaryň bilmekleri gaty wajyp. Hudaý bu kanunlary Musa edil Özüniň aýratyn sylagy hökmünde bermek isledi. Hudaý adamlary şeýle bir söýýärdi welin, hatda olaryň özleriniň ýagşylygy üçin Ol olara Öz parzlaryny bermegi makul bildi. Haçan-da adamlar Hudaýyň kanunlaryna laýyklykda ýaşanlarynda, olaryň işleri şowna düşer. Şeýlelikde, Musa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň parzlaryny diňläp, adamlaryň olary nädip ýerine ýetirip, nädip bagtly bolmalydygyny bilmekleri üçin, ol parzlary adamlara düşündirip bilerdi. Ýa-da ol özüniň Hudaýy diňlemeginiň geregi ýok diýip, karar kabul edip bilerdi. Musa Hudaýy diňlemekligi makul bildi. Hudaý hem oňa Öz parzlaryny berdi: 1-nji parz: Hudaýy ähli zatlardan hem artyk söý. 2-nji parz: Hiç hili hudaýlaryň şekilini çekme we ola-ra tagzym etme. 3-nji parz: Hudaýyň adyny elmydam hormat bilen tut. 4-nji parz: Hepdäniň bir gününi Hudaýy alkyşlamaga belle. 5-nji parz: Ata-eneňi söý we olara hormat goý. 6-njy parz: Öldürme. 7-nji parz: Öz adamsyňy we aýalyňy ölümiňe çenli söý. 8-nji parz: Ogurlyk etme. 9-njy parz: Beýleki adamlara ýalan töhmet atma. 10-njy parz: Başga birine degişli bolan zada göz gyzdyrma, oňa eýe bolmak seniň bar pikiriňi eýelemesin. Öz parzlaryny Hudaý daş sahaplary diýlip atlandyrylýan iki sany ýuka daşa ýazdy. Daş sahaplardaky ýazgylar gaty wajypdy. Eger adamlar Hudaýyň parzlaryn ýerine ýetirseler, olar bagtly bolarlar. Hudaý hem olardan hoşal bolar. Ýada salalyň Näme üçin Hudaý Öz halkyna parzlaryny bermek isledi? Näme üçin Hudaý Özüniň bu parzlaryn Musanyň diňlemegini isledi? Musa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hudaýyň parzlarynyň sany näçedi? Sen olaryň birini ýa-da birnäçesini aýdyp bilermiň? Öz saýlawyň hakynda oýlan Iki-üç parzy saýla we olary ýerine ýetirmegiň bilen näme üçin bagtly bolýandygyň hakynda gürrüň ber. Dogry saýlaw etmegi öwren Bir kagyz sahypasyna: «Hudaýy söýüň we bir-biriňizi söýüň!» diýip ýaz we ol kagyzy gapynyň ýokarsyna ýelmeşdir. Girmek ýa-da çykmak üçin gapyny açanyňda, bu sözleri ses bilen aýt. Olar gaty wajypdyr. Eger-de sen bu sözleri diňe bir diliň bilen aýtman, eýsem aýdýanlaryňy ýerine ýetirseň, onda on parzy hem ýerine ýetirýänsiň. Hudaýyň parzlarynyň ýerine ýetirilmegi bizi bagtly edýändir! Dileg edeliň Hudaý, bize Özüňiň oňat parzlaryňy berendigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Olar bizi goraýandyr we Seniň Özüň bilen parahatlykda ýaşamagymyza kömek edýändir. Hemişe dogry saýlaw edip, Seniň parzlaryňy ýerine ýetirip bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Musa ýitirim boldy Çykyş 32–34 BEÝLEKILER BILEN BILE MUSANYŇ GAÝDYP GELMEGINE GARAŞYP, HARUN HUDAÝYŇ PARZLARYNY ÝERINE ÝETIRDIMI? ÝA-DA OL OLARY BOZDUMY? Entek Musa Hudaý bilen dagyň depesinde gürleşýärkä, halk oňa aşakda, jülgede garaşýardy. Uzak wagtlap Musa bolmady, onsoň ol adamlaryň ýanyna dolanyp geldi, emma gysga wagt üçin geldi we ýene-de daga çykdy. Bu gezek ol gaty uzak wagtlap gelmedi we adamlar öz serkerdesiniň diri galandygyna şübhelenip başladylar. Eger Musa şeýle uzak wagtlap ýitirim bolan bolsa, onda ol indi hiç haçan hem biziň ýanymyza dolanmaz diýip, oýlap başladylar. Eger Musa bolmasa, onda onuň deregine kim Hudaý bilen gürleşer? Indi özlerine başga hudaý gerek diýip, adamlar çözdüler. Olar müsürlileriň kän hudaýlarynyň bardygyny ýadyna saldylar. Müsürliler daşdan ýonup ýa-da toýundan edip hudaýlary, ýagny butlary ýasaýardylar. Käbir butlara hatda altyn hem çaýýardylar. Emma Hudaýyň halky ol hudaýlaryň hakyky Hudaý bolman, hiç hili güýje eýe däldiklerini ýadyndan çykardy. Butlar barada ýatlap, adamlar özleriniň altyndan ýasalan şaý-seplerini ýygnap, olary Musanyň dogany Haruna berdiler. Olar Harundan hudaýyň altyndan edilen şekilini ýasamagy haýyş edip başladylar. Olar bu hudaýy görüp, oňa çökunyp bilerdiler. Şeýlelikde, Harun wajyp saýlaw etmelidi. Ol adamlaryň öz altynlaryny yzlaryna almaklaryny talap edip bilerdi, çünki Musa hökman dolanyp geler. Ol Hudaýyň Öz halkyny taşlamandygyna, ony hökman Ybraýymyň ýurduna alyp barjadygyna ynanyp bilerdi. Ýa-da ol adamlaryň getiren altyn şaý-sepleri eredip, ondan adamlaryň görüp bilerleri ýaly buty ýasap bilerdi. Belki-de, Musa dogrudanam indi hiç haçan gaýdyp gelmez we Hudaý bilen gürleşere adam bolmaz. Harun näme etdi? Ol altyndan ullakan göläniň şekilini ýasady we özlerini Müsürden alyp çykan hudaý şu diýip, buta ýüzlenmeklerine hemmelere rugsat berdi. Adamlar buta sylaglar getirýärdiler we şondan soň onuň alnynda aýdym aýdyp, tans edýärdiler. Olar altyn gölä sežde etdiler, çünki indi Musa hiç haçan gaýdyp gelmez we Hudaý bilen gürleşer ýaly indi adam bolmaz diýip hasaplaýardylar. Hut şol wagt, haçan-da adamlar altyn gölä tagzym edýärkäler, Musa dolanyp gelýär. Ol öz halkyna şeýle bir gaharlandy welin, hatda Hudaýyň parzlary ýazylan bu iki sany daş sahaplaryny ýere urup döwdi. Musa Harunda sorap: «Sen näme etdiň?» diýdi. — Gaýgylanma, — diýip, Harun jogap berdi. Emma Musa Harunyň we bütin halkyň eden işi üçin Hudaýyň neneň gazaba münendigi hakynda düşündirdi. Musa ýene-de Hudaýyň ýanyna baryp, Öz halkyny terk etmezligini sorady. Ine-de, ol ýene dagdan düşdi we elinde iki daş sahaplaryny tutup durdy. Bu täze sahaplarda, edil öňkülerindäki ýaly, Hudaýyň parzlary ýazylandy. Hudaý Musadan hoşaldy, çünki ol Onuň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Öz halkyny Ybraýymyň ýurduna getirmek wadasyny Hudaý bozmady. Çöldäki dowamly syýahatdan soň Hudaýyň adamlary Onuň wada beren ýerine baryp ýeterler. Ýada salalyň Näme üçin adamlar özlerine başga hudaý gerek diýip çözdüler? Harun dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Adamlar Harunyň ýasan altyn gölesi bilen näme etdiler? Hudaý Öz halkyna gaty gaharlanypdy, emma Musanyň dilegine gulak goýup, Ol näme etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Özüňiň kime ýa-da nämä gaşarmaga mejburdygyňy aýt (diş lukmanyna, dükandaky satyja, ejeňiň ýa-da kakaňyň öýe dolanyp gelmegine, öz dilegleriňe Hudaýyň jogaplaryna). Garaşmaklyk döwründe mesihi aýdymlaryny aýtmaklyga ýa-da Mukaddes Kitabyň aýatlaryny gaýtalamaklyga nähili seredýärsiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Garaşmaklyk döwründe sen «Saýmon diýýär» diýen oýny oýnap bilersiň. Eger-de sen özüňiň käbir hereketi etmegiňi Hudaýyň islemeýändigini bilýän bolsaň (aldan bolsaň, rugsatsyz bir zat alan bolsaň, kimdir birini uran bolsaň), onda «Saýmon diýýär» diýip aýtma. Beýleki ýagdaýlarda bolsa, ýagny öz hereketleriňiz Hudaýyň goldaýandygyny bilýän bolsaň, onda şeýle diý: «Saýmon gülmeli diýýär», «Saýmon aýdym aýtmaly diýýär», «Saýmon kimdir birini gujaklamaly diýýär» diý. Garaşmak ýeňil däl, emma biz Hudaýa gulak asyjy bolýan bolsak, onda garaşmak şeýle dowamly bolup görünmez. Dileg edeliň Hudaý, hemişe Saňa gulak asyjy bolmagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Surnaý çalyň Kanun taglymaty 34; Ýeşuwa 6 ÝEŞUWA HUDAÝYŇ ÝERIHO BABATDAKY GÖRKEZMELERINI ÝERINE ÝETIRDIMI? ÝA-DA OL ÖZ MEÝILNAMASYNA LAÝYKLYKDA HEREKET ETDIMI? Kyrk ýyllap Hudaýyň halky çölde sergezdan bolup gezdi. Neneň dowamly! Şu wagta çenli çagalar ulalyp, maşgalaly boldular. Olaryň köpleri mamalar we babalar boldular. Biri ulalýaka, beýlekiler garrap, çölde aradan çykýardylar. Ahyrsoňy Musa we Hudaýyň halky Ybraýymyň ýurduna ýakyn bardylar. Olar özleriniň täze ýurtlaryna ýetmekleri üçin bary-ýogy Iordandan geçmelidiler. Şol wagt Musa eýýäm gaty garrapdy. Hudaý onuň daga çykmagyny buýurdy we şol ýerde durup, Musa Iordanyň beýleki kenaryndaky ýurda göz aýlap biljekdi. Musa wada berlen ýeri gördi we şol ýerde, dagda jan berdi. Musa oňat serkerdedi we haçan-da ol ölenden soň, Hudaý öz halkyna Musadan kem bolmadyk serkerdäni — Ýeşuwany berdi. Täze serkerde adamlary Iordandan geçirdi. Ine-de, olar berk diwarlar bilen gurşalan ullakan Ýeriho şäherine ýakynlaşdylar. Bu şäheriň ýaşaýjylary öz ýerleriniň Hudaýyň halkyna degişli bolmagyny islemeýärdiler. Bu ýeri Hudaýyň Öz halkyna bermegi wada berendigini Ýeşuwa bilýärdi. Şonuň üçin hem ol Öz niýetlerini aýan eden Hudaýy üns berip diňledi. Hudaý Ýeşuwa: «Meniň halkym alty günüň dowamynda her gün bir gezek Ýerihonyň diwarlarynyň daşyndan aýlananlarynda, sen Meniň halkyma ýolbaşçylyk etmelisiň. Ýedinji gün bolsa şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlanyň. Surnaý göterip barýanlar gaty ses bilen surnaýlaryny çalsynlar. Soňundan bolsa halk sesiniň baryndan gygyrsyn. Haçan-da siz şeýle edeniňizde, Ýerihonyň diwarlary ýumrular». Şeýlelikde, Ýeşuwa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa gulak asyp, halky ýygnap, ony Ýerihonyň diwarlarynyň daşyna alyp baryp bilerdi. Belki-de, käbirleri beýle hereketlerden hiç bir oňat zat çykmaz diýip, pikir ederler. Galyberse-de, Ýerihonyň ýaşaýjylary olaryň üstlerinden gülerler. Emma şäheri eýelemek üçin hut şunuň hem Hudaýyň halkyna kömek etjekdigini Hudaýyň Özi aýdypdy. Ýa-da Ýeşuwa öz halkyny Iordanyň beýleki kenaryna äkidip, hiç haçan hem Hudaýyň özlerine beren ýerini eýelemäge çalyşman bilerdi. Galyberse-de, Ýerihonyň diwarlary şeýle bir elýetmez görünýärdi. Ine, Ýeşuwa näme etdi. Ol öz adamlary ýygnap, Ýerihonyň daşyndan günde bir gezek aýlanyp çykdylar. Ol muny birinji gün, ikinji gün, üçünji gün, dördünji gün, bäşinji gün we altynjy gün hem etdi. Surnaý göterip barýanlar batly ses bilen çalýardylar. Ýedinji gün hemmeler ýene-de ýygnandylar we ýedi gezek şäheriň daşyndan aýlanyp çykdylar. Surnaýçylar batly çalýardylar. Ýedinji gezek şäheriň daşyndan aýlananlarynda, surnaýçylar öňkülerinden hem has batly çaldylar. Onsoň Ýeşuwa buýruk berdi: — Wagt geldi! Gygyryň! Hemmeler sesleriniň baryndan gygyrdylar. Haçanda olar şeýle edenlerinde, Ýerihonyň diwarlary ýumruldy! Indi Hudaýyň halky özüne wada berlen ýurtda ýaşap bilýärdi. Öz tabşyrygyny Ýeşuwanyň ýerine ýetirendigi üçin Hudaý ondan hoşaldy. Hudaýyň halky hem bagtlydy. Indi bu halkyň öz ýeri bardy we Hudaý hem olar bilen biledi. Ýada salalyň Musanyň ölüminden soň Hudaýyň halkynyň täze serkerdesi kim boldy? Hudaý Ýeşuwa näme etmegi tabşyrdy? Ýeşuwa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Ýerihonuň diwarlary näme sebäpli ýumruldy? Öz saýlawyň hakynda oýlan Seniň maşgalaň ýüze çykan nähilidir bir kynçylyk hakynda dileg edip, Hudaýda onuň täsin çözgüdiniň bardygyny bilen pursatlary boldumy? Onuň görkezmelerine eýermek siziň üçin ýeňil boldumy? Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyzdan birnäçe surnaý ýa-da tüýdük ýasa we özüňiň Ýerihonuň daşyndan aýlanýandygyňy göz öňüňe getir. Ýöriş döwründe hökman ähli görkezmeleri ýerine ýetir! Haçan-da biz dileg edenimizde, Hudaýyň özümize dogry görkezmeler berjekdigine ynanyp bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, Seniň niýetleriň hemişe oňatdyr! Öz halkyňa berýän akylly maslahatlaryň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Hemişe Seniň ýollaryň bilen ýöremegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Bile gitmek Rut kitaby 1–4 RUT NAGOMYNY SÖÝÝÄRDIMI WE OŇA OŇAT GATNAŞYK EDÝÄRDIMI? ÝA-DA OL NAGOMY HAKYNDA ÝADYNDAN ÇYKARMAK ISLEDIMI? Hudaýyň Öz halkyna beren ýeriniň golaýynda Rut atly ýaş aýal ýaşaýardy. Haçan-da Hudaýyň halkyndan käbir adamlar Rutuň ýurduna göçüp başlanlarynda, ol muňa gaty begenýärdi. Dört adamdan ybarat bolan bir maşgala Rutuň golaýynda ýerleşdiler, çünki bu maşgalanyň ýurdunda açlyk höküm sürýärdi. Rut gaty şatdy, çünki bu maşgaladan bir ýaş ýigit onuň adamsy bolupdy. Ýöne Rutuň şatlygy uzaga çekmedi. Ençeme gaýgyly wakalar bolup geçdi. Bu maşgalanyň hojaýyny aradan çykýar. Onsoň Rutuň adamsy we onuň dogany aradan çykýar. Dört adamdan ybarat bolan maşgalada diňe enäniň özi ýeke galdy. Onuň adyna Nagomy diýýärdiler. Ol özüniň ata watanyndan daşda ýaşaýardy. Ine-de, Nagomy öz ýurdunda bol hasyl ýygnandyklary hakynda eşitdi. Şonuň üçin hem Nagomy özüniň dogduk şäheri bolan Beýtlahama dolanmagy ýüregine düwýär. Aradan çykan ogullarynyň aýallary bolan iki ýaş aýal hem Nagomy bilen bile gitjekdiklerini aýtdylar. Bu aýallaryň biri Rutdy, beýlekisi bolsa — Orpa. Nagomy gelinleriniň özleriniň dogduk mekanynda galmaklary oňatdyr diýip oýlady we olara bu hakda aýtdy. Nagomy mamla diýip, Orpa karar kabul etdi, şonuň üçin hem gaýyn enesini ogşap, onuň bilen hoşlaşdy. Şeýlelikde, Rut wajyp saýlaw etmelidi. Ol Nagomy bilen Hudaýyň halkynyň ýurduna gidip, onuň bilen şol ýurtda ýaşap, Nagomynyň Hudaýy söýşi ýaly, ol hem Ony şeýle söýüp, ýaşap bilýärdi.Ýa-da ol özüniň gaýyn enesi bilen hoşlaşyp, öz ata öýüne gidip bilýärdi. Ol özüniň ýurdunda ýaşap, Nagomynyň söýýän Hudaýy hakda ýadyndan çykaryp bilýärdi. Ine, Rut näme diýdi: — Nagomy, men seniň gideň ýeriňe giderin. Seniň halkyň meniň halkym bolar. Seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. Garry aýal öz watanyna ýeke gaýtmaly bolmajakdygyna begenýärdi. Beýtlahama olar uzak ýol zerarly aç we gaty ýadaw halda geldiler. Bowaz atly bir mähirli adam özüniň ekin meýdanynda iýmite mätäç bolanlar üçin bugdaý başlaryny galdyrýardy. Garyplar sümmülleri ýygnap, özlerine galdyryp bilerdiler. Rut hem sümmül ýygnamak üçin şu meýdana gelýärdi. Onsoň ol Nagomy we özi üçin çörek bişirýärdi. Bowaz Rutuň garry aýala neneň mähirlidigine üns berdi. Bu aýalyň gaýyn enesini edil özüniň ejesini söýşi ýaly söýýändigini Bowaz aýdyp bilýärdi. Bu iki aýalyň ýaşamak üçin ähli gerek bolan zatlarynyň bardygyna Bowaz göz ýetirmek isledi. Gün-günden Bowaz Rutuň nähili söýgi bilen özüniň gaýyn enesi hakda alada edýändigini görýärdi. Ol özüniň hut şeýle mähirli aýal hakda arzuw edendigine düşündi. Ine-de, bir gezek Bowaz Rutuň öz aýaly bolmagyny sorady. Nagomy şeýle bir bagtlydy! Indi ol özüniň ata-babalarynyň ýurdunda Rutuň ýaşajakdygyny bilýärdi. Ol hem şu ýerde bagtly bolar. Tizara Rut bilen Bowazyň ogly doguldy. Obet atly oglanjyk Nagomynyň ilkinji agtygydy! Nagomy dünýädäki iň bagtly mamady. Bowaz iň bagtly atady. Rut bolsa iň bagtly enedi. Obet iň bagtly çagady. Hudaý hem şatdy. Mähirli Rutuň öz maşgalasy üçin şeýle söýgi bilen alada edendigi sebäpli, Hudaý gaty hoşaldy. Ýada salalyň Rutuň Nagoma bolan söýgüsi nämede aýan boldy? Rut dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Rutuň täze maşgalasy nähilidi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Öz mähribanlaryň üçin olara bolan söýgiň zerarly nähili oňat işleri edip bilýändigiňi aýt. Nädip seniň maşgalaň özünde baryny mätäçler bilen paýlaşyp bilýär? Olar seniň pikir edeniňden has-da ýakynda ýaşaýarlar. Dogry saýlaw etmegi öwren Wagt, aralyk, käwagtlar bolsa jedeller maşgalanyň dargamagyna getirýändir. Emma maşgalada hemmeleriň bir-birlerini söýmeklerini Hudaý isleýändir. Şu gün özüňiň näme etmelidigiňi çöz: özüňiň söýýän adamlaryňa jaň etmeli ýa-da olara hat ýazmaly. Maşgalada hemmeleriň bir-birlerine mähirli bolmagyny Hudaý isleýändir. Dileg edeliň Hudaý, öý ojagynyň ýylylygy üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Seniň her birimizi söýşüň ýaly, maşgalamyzda hem bir-birimizi edil şeýle söýüp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. «Haýyş edýärin, maňa ogul ber» Şamuweliň birinji kitaby 1:1–2:21 ÖZ DILEGLERINE HUDAÝYŇ JOGAP BERJEKDIGINE HANNA YNANÝAR Gaýgy Hannanyň aýrylmaz hemrasydy. Bu aýal ajaýyp öýde ýaşaýardy we onda arassalygy we tertibi saklaýardy. Onuň adamsy güýçli we edermen adamdy. Hannanyň bir zady — çagasy ýokdy we bu bolsa ony gaty gamgyn edýärdi. Her ýyl Hanna we onuň adamsy ýörite Hudaýa dileg edilýän ýere gatnaýardylar. Olar ullakan çadyrda, hemmeleriň Hudaýa dileg edýän ýerinde dileg edýärdiler. Şol ýere nobatdaky gezek gitmeli wagt ýetip geldi. Şeýlelikde, Hanna wajyp saýlaw etmelidi. Ol şol çadyrda Hudaýa dileg etmek üçin ýola düşüp bilerdi. Ol Oňa özüniň gaýgylary hakynda gürrüň berip bilerdi. Dileglerini Hudaýyň eşidip, olara jogap berjekdigine ynamly bolup bilerdi. Ýa-da Hanna öýde galyp, gaýga batyp bilerdi. Çünki ol şunça wagtlap Hudaýdan çaga diläp gelýärdi, çaga bolsa entegem ýokdy. Belki-de, Hudaý onuň dileglerini eşidýän däldir? Hanna näme etdikä? Ol adamsy bilen ýörite dileg edilýän ýere tarap ýola düşdi. Ol çadyra girip, dileg edip başlady. Ol Hudaýa özüniň uly betbagtlygy hakyndaky gürrüňinde beýleki aýallaryň öz çagalary hakynda gürrüň edenlerinde, özüni neneň ýeke duýýandygyny aýtdy. Ol öz adamsy we öýi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Emma ol haýyş edip, özüne Hudaýyň ogul bermegini dilegi. Şeýle-de, Hanna Hudaýa ant içdi. Eger Hudaý oňa ogul berse, onda öz ogluny bütin ömür Hudaýa bagyş etjekdigine söz berdi. Oglunyň biraz ulalanyndan soň, ony Rebbiň çadyryna getirjekdigini aýtdy. Şol gün çadyrda Eliý hyzmat edýärdi. Ol Hannanyň dileg edip, aglan ýerinden ýakynrakda otyrdy we aýalyň ähli diýenlerini eşidýärdi. Öz dileglerine Hudaýyň jogap berjekdigini Eliý Hanna aýtdy. Aýal gaýgylanmagyny bes edip, öýüne bagtly bolup dolanyp geldi. Entek onuň çagasy ýokdy. Emma ol bagtlydy, çünki ol Hudaýa dileg edip, ýüregini döküpdi we gaýgy onuň ýüreginden ýitirim bolupdy. Bir ýyl hem geçmänkä, Hanna ogul dogurdy! Hudaý onuň dileglerini eşitdi! Hanna çagasyny güýçli söýýärdi we onuň adyna Şamuwel dakdy. Ol oglunyň elleriniň we aýaklarynyň barmaklaryndan ogşaýardy. Ol ony hüwdüleýärdi, suwa düşürýärdi we naharlandyrýardy. Şamuwel ulaldy we çadyrda gulluk eder ýaşyna ýetipdi. Şonuň üçin hem Hanna bilen onuň adamsy ony Eliýiň ýanyna alyp bardylar, Şamuwel indi Eliýe kömek etmelidi. Şamuwel oňat kömekçidi. Her ýyl Hanna ogluny görmäge barýardy we oňa täze geýim getirýärdi. Hanna özüne Hudaýyň şeýle täsin ogul berendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirmäge ýadamaýardy. Özüniň geljekki ogly hakynda dyngysyz dileg edeni üçin Hanna gaty şatdy. Hudaý hem Hanna üçin şatdy, çünki ol öz dileglerine Hudaýyň hökman jogap berjekdigine ynanýardy. Hudaý kiçijik Şamuwel hakda alada edýärdi. Oglan ulaldy we edil Hannanyň wada berşi ýaly, ol bütin ömrüni Hudaýa bolan hyzmata bagyş etdi. Ýada salalyň Hanna näme hakda gaýgylanýardy? Ol dileg etmek üçin nirä gatnaýardy? Hanna dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hudaý Hannanyň dileglerine nähili jogap berdi? Şamuwel nädip Hudaýa hyzmat etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Öz dilegleriňde sen Hudaýdan näme hakda soraýarsyň? Ol dilegleriňe Hudaý hemişe jogap berip, soran zadyňy berýärmi? Käwagtlar Hudaý seni garaşdyryp bilýändir ýa-da dilegiňe ýok diýip jogap bermegi mümkindir. Seniň dilegleriňe Onuň jogabynyň şeýle hem bolup biljekdigini ýadyňda sakla. Dogry saýlaw etmegi öwren Öz dostlaryňyň ýa-da garyndaşlaryňyň içinden birnäçesini saýla we olar hakda bir hepdäniň içinde her gün ýatmazyňdan ozal dileg et. Olaryň mätäç bolan zatlaryny Hudaýyň bermegi hakynda dileg et. Wagty gelende Hudaýyň gerekli bolan jogaby berjekdigine ynan! Dileg etmek — bu elmydam dogrudyr! Dileg edeliň Hudaý, Saňa öz isleglerimiz we duýgularymyz hakynda gürrüň berip bilmek mümkinçiligini berýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýäris. Hemişe bizi diňläp, aladamyzy edýändigiň üçin minnetdardyrys. Biziň dileglerimize haçan we nähili jogap bermelidigini bilýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Äpet-esger Şamuweliň birinji kitaby 17 DAWUT EDERMEN ADAMDYMY? ÝA-DA OL GOLÝATDAN GORKDUMY? — Dawut! Dawut! — diýip gygyrýan kimdir biriniň sesi uzaklardan eşidildi Dawut otlap ýörän goýun sürüsiniň arasynda otyrdy we özüniň çagyrylýandygyny eşitmedi. Ýaş çopan guslide saz çalyp, Hudaýyň dünýäsini alkyşlaýardy. Dawut öz sürüsine abanan ýolbarsy kowandygyny ýadyna saldy. Özüniň uly bolmadyk sapançasyndan birnäçe daş atdy welin, ýolbars gaçyp gitdi. Ses öňküsinden-de gaty eşidildi: — Dawut, öýe ylga! Gusliniň sesi kesildi we Dawut öýüne tarap ylgady, ol ýerde oňa kakasy garaşýardy. — Men seniň uly doganlaryňyň ýanyna baryp gelmegiňi isleýärin, — diýip, kakasy Dawuda aýtdy. — Olar beýlekiler bilen bilelikde uly goşunyň hatarynda söweşýärler we olaryň hal-ahwallaryny bilip gelmegiňi isleýärin. Şeýle-de, olara çörek, peýnir we ýene käbir ir-iýmişleri äkit. Ine-de, eli horjunly we guslili Dawut öz doganlaryny agtarmaga gitdi. Ol kakasynyň buýrugyny ýerine ýetirmelidi. Entek Dawut doganlaryny beýleki esgerleriň arasyndan gözleýärkä, ol goşunyň harby ruhuny ýitirendigine üns berdi. Adatça edermen bolup görünýän onuň doganlary hem edil gorka düşen ýaly görünýärdiler. Hut olar Dawuda duşmanyň düşelgesinde bir esgeriň bardygyny, ol esger bilen bolsa hiç kim hem söweşmäge batyrgaýlyk tapyp bilmeýändigini aýtdylar. Ol esgere Golýat diýýärdiler we ol hakyky pälwan, äpetleriň äpeti! Golýatyň bar zady göz öňüne getirerden uludy. Ullakan eller, ullakan eginler. Ýogsa-da, onuň boýu-da ullakandy! Şeýlelikde, Dawut wajyp saýlaw etmelidi. Eger ol Golýat bilen söweşse, onda öz arkasynda Hudaýyň durjakdygyna ynanyp bilýärdi. Ýa-da öýüne dolanyp bilerdi. Ýogsa-da, Golýatyň görnüşi dogrudanam gaty gorkunçdy. Ine, Dawut näme etdi. Ilki bilen ol esgerlere ýüzlenip, Golýat bilen söweşjekdigini aýtdy, soňundan bolsa patyşa ýüzlendi: — Ýolbarsdan goran Hudaý meni bu äpet Golýatdan hem gorar. Şawul patyşa ikirjeňledi: — Sen söweşeriň ýaly, gaty ýaşsyň. Emma Dawudyň neneň edermendigi hakynda patyşa gürrüň berenlerinde, ol ýigidi ruhlandyrdy: — Bar, seniň bilen Rebbiň Özi bolsun! Patyşa Dawuda misden edilen esger geýimlerini teklip etdi, emma ol onuň teklibini kabul etmedi. Ýaş esger patyşa: «Men öz geýimlerinde galaryn we ýanym bilen sapançamy alaryn» diýdi. Dawut derýadan bäş sany ýylmanak daşy alyp, Golýata tarap ylgady. Golýat özüniň garşydaşyny gören dessine, çopançygyň üstünden gülüp başlady we ol şeýle bir keýp edip güldi welin, hatda Dawudyň elinde tutup duran sapançasyna daş salandygyny-da görmedi. Oglanyň kellesiniň üstünde sapançasyny aýlap duranyna Golýat hiç hili üns bermedi. Tä sapançadan atylan daşyň şatlap göni maňlaýyna degýänçä, Golýat asla hiç zada düşünip bilmedi, soňundan bolsa ýere ýykyldy. Haçan-da ýere ýykylan Golýaty Dawudyň doganlary we beýleki esgerler görenlerinde, olara birwagtky edermenligi dolandy. Eger Dawut Golýaty ýeňip bilen bolsa, onda olar islendik duşman bilen söweşip bilerler. Şol gün Şawul patyşanyň goşunlary ýeňiş gazandylar. Dawuda şöhrat! Dawudyň edermenligi Hudaýa ýarady. Dawut hem özüniň Hudaýa bolan umydyny ýitirmändigine şatdy. Ýada salalyň Esgerler nämeden gorkupdylar? Näme üçin Dawut Golýaty ýeňerin diýip hasaplaýardy? Dawut dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Golýat bilen näme boldy? Özüňiň saýlawyň hakynda oýlan Seniň maşgalaňyň agzalary mekdepde, köçede, bazarda garagollara nädip jogap berýärler? Dawudyň öz sapançasyn ulanmagy Hudaýyň niýetine girýärdi, emma Ol biziň üçin has başga zady niýetlemegi mümkin. Belki-de, sen ýöne garagola üns bermeli dälsiň ýa-da olara ulularyň ünslerini çekmelisiň, ýa-da bu erbet adam üçin dileg etmelisiň. Dogry saýlaw etmegi öwren Kitaphanada haýwanlaryň öz duşmanlaryndan nädip goranýandyklary hakyndaky kitaby tap (mysal üçin, keýikler, towşanlar we ş. m.). Hudaý olary özlerini gorap bilerleri ýaly ýaratdy. Elbetde, Ol olar hakda alada eder! Biz edermen bolup we Hudaýyň özümizi goraýandygyna ynanyp bileris. Dileg edeliň Hudaý, bize edermen bolmaga we diňe Saňa bil baglamaga kömek et. Özümiziň nädip aman galmalydygymyzy bize öwredýändigiňizi bilýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Ömürlik dostlar Şamuweliň birinji kitaby 18:1–4; 20 ÝONATAN DAWUDYŇ HAKYKY DOSTY BOLDUMY? DA OL DAWUDA KÖMEK ETMEKDEN GAÇA DURDUMY? Ýonatan we Dawut bir-birlerine asla meňzeş däldiler. Dawut çopandy, Ýonatan bolsa — patyşanyň ogly. Çopan garypdy, patyşanyň ogly bolsa baýdy. Biri çapançadan oňat peýdalanýardy, beýlekisi bolsa ok-ýaýy ulanmakda ussatdy. Emma nähilidir edip, Dawut bilen Ýonatan oňat dostlar boldular. Bir gezek Ýonatanyň kakasy bolan Şawul patyşa Dawuda şeýle bir gaharlandy welin, hatda oglanjyk patyşanyň gazabyndan gaçmaly boldy. Ýonatan bilen Dawut beýle rehimsizligiň sebäbine düşünmeýärdiler. Ýogsa Dawut hiç bir erbetlik etmedi ahyryn! Ýonatan öz dosty üçin güýçli gaýgylanýardy we kakasynyň oňa zyýan ýetirmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Ýonatan wajyp saýlaw etmelidi. Ol kakasynyň näme üçin Dawuda beýle gaharlanýandygyny bilip, öz dostuny nädip halas etmelidigini meýilleşdirip bilerdi. Ýa-da ol kakasyna Dawudyň nirede gizlenýändigini aýdyp, özüniň çopan bilen dostlugy hakynda ömürlik ýadyndan çykaryp bilerdi. Ine, Ýonatan näme etdi. Ol Dawudy halas etmegiň meýilnamasyny düzdi. — Entek men kakam bilen gürleşýärkäm, — diýip, ol öz dostuna aýtdy, — meýdandaky uly daşyň arkasynda gizlen. Kakam bilen gürrüňden soň men üç sany ok ataryn we olary ýygnap getirmek üçin hyzmatkär oglany ibererin. Eger men ol oglanjyga şol oklary getirmegi buýursam, diýmek, saňa hiç hili howp abanýan däldir we kakam saňa elini degirmez. Emma eger men oglanjyga şol oklary ýygnap, şähere äkitmegini buýursam, diýmek, saňa howp abanýar we sen hökman gaçyp gurulmalysyň. Kakasy bilen gürrüňden soň Ýonatan Dawudyň patyşanyň gözüne görünmeli däldigine düşündi. Şonuň üçin hem meýdana çykyp, bir-biriniň yzyndan üç sany ok atdy. Onsoň öz hyzmatkärine: «Çalt ylga! Saklanma!» diýip, buýruk berdi. Oglanjyk oklary ýygnap, şähere dolanyp geldi. Dawut bolsa Ýonatan bilen hoşlaşmak üçin uly daşyň arkasyndan çykdy. Iki dostlaryň hem ýüreklerini gaýgy doldurdy. Emma näme bolsa-da, elmydam dost bolup galmaklygy olar bir-birlerine söz berdiler. Olar öz sözlerinde durdular! Ýonatan bilen Dawudyň oňat dost bolandyklaryndan Hudaý hoşal boldy. Tä gazaba münen patyşa ýigidi yzarlaýança, Hudaý Dawut hakda alada etdi. Ýada salalyň Dawudyň dosty kim boldy? Şawul patyşa Dawuda nähili gatnaşyk etdi? Öz dostuny halas etmek üçin Ýonatan näme oýlap tapdy? Ýonatan dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Ähli dostlaryňyň atlaryny aýt. Siz bilelikde näme etmegi halaýarsyňyz? Siz bir-birleriňize meňzeşmi ýa-da ýok? Siz bir-biriňize nädip kömek edýärsiňiz? Dogry saýlaw etmegi öwren Bir kagyz sahypasyna adamyň şekilini çek we hakyky dostda bar bolan zatlaryň atlaryny ýazyp, şol çeken şekiliňe ýelmeşdir. Mysal üçin, şeýle sözlemleri ýazsa bolar: kömek eder ýaly eller; söýýän ýürek; oňat sözleri aýdarlary ýaly dodaklar we ş.m. Hudaý bize dostlary berýär we biziň olara ýagşylyk etmegimizi isleýär. Dileg edeliň Hudaý, biziň ähli dostlarymyzy gora we olara nädip ýagşylyk edip, peýda getirip bilýändigimizi görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. Hatda patyşalar hem ýalňyşlyk edýärler Şamuweliň ikinji kitaby 11–12:10; Mezmur 52 ÖZÜNIŇ NÄDOGRY HEREKET EDENI ÜÇIN DAWUT ÖKÜNDIMI? DA OL HIÇ BIR ÝAMANLYK ETMEDIM DIÝIP HASAPLADYMY? Ençeme ýyllap Dawut Şawul patyşadan gizlenip ýaşady. Emma Şawul aradan çykdy. Indi bolsa Dawut Şawulyň ornuna patyşa boldy. Ol oňat we mähirli, dogruçyl hereket edýän patyşa bolmaga çalyşdy. Ol ýygy-ýygydan Hudaý bilen gürleşdi we halk üçin elinden gelenini etdi. Halk hem öz patyşasyny söýýärdi. Emma bir gezek Dawut dogry diýip bolmaýan bir iş etdi. Ol öz esgerleriniň biriniň görmegeý aýalynyň bardygyna üns berdi. Dawut şol görmegeý aýala öýlenmekligi şeýle bir küýsedi we onuň adamsyny öldürtdi. Netijede bolsa ol aýala öýlendi. Hudaý Dawudyň bu eden işi üçin gaty gamgyn boldy, emma şonda-da ony söýýärdi. Şonuň üçin hem ol Natan atly adama patyşanyň ýanyna baryp, onuň eden işlerine gözüni açmagy tabşyrdy. Natan bir taryhy gürrüň bermek üçin Dawudyň ýanyna geldi. Hudaýyň niýeti boýunça, bu gürrüň Dawudyň neneň erbet iş edendigine düşünmegine kömek etmelidi. — Bir garyp adamyň, — diýip, Natan söze başlady, — ýeke-täk bir owlagy bar eken. Baý adamyň bolsa kän goýunlary we goçlary bar eken. Emma baý garybyň ýeke-täk baýlygyny elinden alypdyr. Bu hakda eşidip, Dawut gazap donuny geýdi we haýal etmän baý adamy jezalandyrmak isledi. — Ol garyp adamyň owlagy üçin tölemelidir! — diýip, patyşa gygyrdy. Şonda Natan şeýle diýdi: — Bu adam — sen, Dawut. Hudaý saňa şunça kän zatlary berdi, emma sen beýleki adamyň aýalyny alyp, oňa öýlendiň. Şeýlelikde, Dawut wajyp saýlaw etmelidi. Ol özüniň elhenç iş edendigini boýun alyp bilerdi. Bu hakda ökünip bilerdi. Ýa-da ol özüni edil hiç bir erbet iş etmedik ýaly alyp baryp bilýärdi. Ine, Dawut näme etdi. Ilki bilen ol gaharlanmagyny bes etdi. Özüniň eden erbet işi üçin ol gaty utandy. Ol Hudaýa garşy günä edendigine düşündi. Şonuň üçin hem patyşa dileg edip başlady. Ol özüniň ýalňyşlygy üçin ökündi we Hudaýdan ötünç sorady. Hudaý hem ony bagyşlady! Patyşanyň erbet iş edendigi üçin Hudaý gaty gamgyn boldy. Ýöne Dawudyň Natanyň sözlerine gulak asany üçin ondan hoşal boldy. Dawut özüniň eden günäsi üçin toba etdi we ýene-de öňküsi ýaly mähirli patyşa bolup bilerdi. Ýada salalyň Dawudyň haýsy eden işi Hudaýy gamgyn etdi? Hudaý Natana näme etmegi buýurdy? Natanyň gürrüň beren taryhy nädip Dawuda kömek etdi? Dawut dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Käwagtlar saňa edil öz gizlin hereketleriňi gizläp bilýäniň ýaly görünýändir. Emma bir zady Hudaýdan gizläp bolarmy? Hudaýyň alnynda özüňiň ýalňyş hereket edendigiňi näçe çalt boýun aldygyňça, şonça-da çalt Ol seni bagyşlaýandyr. Dogry saýlaw etmegi öwren Reňkleri al-da, kagyzy özüňiň erbet hereket edeniňden soň duýgularyňy (Hudaýyň duýgularyny hem) beýan edýän reňklere boýa. Beýleki kagyzy bolsa Hudaýyň alnynda özüňiň ýalňyşlyklaryňy boýun alanyňdan soňky duýgularyňy beýan edýän reňklere boýa. Eger biz özümiziň erbet hereketlerimiz hakynda ökünýän bolsak, Hudaý bizi bagyşlaýandyr. Dileg edeliň Hudaý, biziň her birimiz — çagadan patyşa çenli — käwagtlar ýalňyş hereketler edýäris. Şu men Senden haýyş edýärin, meni _____________ üçin bagyşla. Saňa minnetdarlyk bildirýärin! Isanyň ady bilen. Omyn. Ähli sylaglaryň iň oňady Birinji patyşalar kitaby 3 SÜLEÝMAN HUDAÝDAN AKYLDARLYK SORADYMY? DA OL BAHASY GYMMAT BOLMADYK SYLAG SAÝLADYMY? Dawudyň Süleýman atly ogly bardy. Ine-de, Süleýmanyň patyşa bolmaly wagty gelip ýetdi. Täze patyşa Hudaýy söýýärdi we Oňa sežde edýärdi. Bir gezek Hudaý Süleýmanyň düýşünde oňa ýüzlenip: «Islän zadyňy Menden sora we Men saňa ony bererin» diýdi. Belki-de, Süleýman ilki bilen baý bolmak hakynda oýlanandyr. Onuň islän zady bolar. Haçan-da kän puluň bolanynda, bu gaty täsindir. Onsoň, belki-de, Süleýman akyldar bolmak hakynda oýlanandyr. Ýöne bir bilimli we paýhasly adam däl-de, dogry saýlaw etmäge rugsat berýän akyldarlyga eýe bolmak. Şeýle sylaga eýe bolup, adamlara-da kömek edip bolar, Hudaýa-da ýaranyp bolar. Şeýlelikde, Süleýman wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa ýaranmak we adamlara hyzmat etmek üçin akyldarlyk sorap bilerdi. Ýa-da ol özünde islän zady bolary ýaly, baýlygy saýlap bilerdi. Süleýman näme etdikä? Ol Hudaýa şeýle diýdi: — Sen meni köp sanly halkyň üstünden patyşa edip goýduň. Emma oňa nädip kömek etmelidigini men bilmeýärin. Diňe Sen maňa muny açyp bilýärsiň. Baýlyk däl-de, akyldarlyk soran Süleýmanyň saýlawy Hudaýa ýarady. Ol hem patyşa jogap edip: «Men saňa akyldarlyk bererin» diýdi. Onsoň sözüni dowam edip: «Ondan başga-da, Men saňa baýlyk hem bererin» diýdi. Süleýman neneň oňat saýlaw etdi! Akylly çözgütler kabul etmeklik sylagyna eýe bolup, ol adamlara nähili dogry hereket edip, nädip Hudaýa ýaranmalydygyny öwretdi. Patyşanyň ähli kabul eden kararlary adalatlydy. Wagtyň geçmegi bilen Süleýman has baý adam hem boldy. Ol halk Hudaýa sežde eder ýaly, owadan ybadathana, özi üçin bolsa — täsin köşk gurdy. Özünden Süleýmanyň akyldarlyk sorandygy üçin Hudaý hoşaldy. Ol patyşanyň haýyşyny ýerine ýetirip, oňa artygy bilen berdi! Ýada salalyň Hudaý Süleýmana näme teklip etdi? Süleýman Hudaýdan näme diledi? Patyşa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hudaý Süleýmana näme berdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Özüňe Hudaýyň nähili sylaglary berendigi hakynda oýlan. Belki-de, sen çalt ylgaýansyň? Belki-de, oňat aýdym aýdýansyň, surat çekýänsiň ýa-da ähli täze zatlary çalt özleşdirýänsiň? Beýleki adamlara kömek etmek üçin sen bu sylaglaryňy nädip ulanyp bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Eger şu hepdäniň içinde sen nähilidir bir kynçylyklara duçar bolsaň, akylly çözgüt tapyp bilmegiň üçin Hudaýa dileg et. Hepdäniň ahyrynda Hudaýyň kömegi bilen nähili çözgütleri kabul edendigiň hakynda ataeneňe gürrüň ber. Hudaý akyldardyr we ol biziň hem akylly bolmagymyza kömek etmek isleýär. Dileg edeliň Hudaý, edil Süleýman patyşa ýaly biziň akylly we adalaçyl bolmagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Bir goşawuç un Birinji patyşalar kitaby 17:7–16 AÝAL NANYNY YLÝAS BILEN PAÝLAŞDYMY? DA OL ONY ÖZÜNE GALDYRDYMY? Gün rehim etmän, Ylýasyň kellesini ýakyp barýardy, ol açlykdan we suwsuzlykdan ejir çekýärdi. Eýýäm birnäçe ýyllap ýere ýagyş ýaganokdy. Ýagyş ýagmandygy zerarly çeşmeler gurapdy. Ýagyşsyz bugdaý ösenokdy. Ýagyşsyz zeýtun bişmeýärdi, diýmek, ýag hem ýokdy. Hudaý Ylýasyň uzak şähere gitmegini buýurdy we şol ýerde bir aýalyň ony idejekdigini aýtdy. Ine-de, Ylýas şol şähere tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda ol gury şahalary çöplän ýörän bir aýala duş geldi. Ondan: «Meniň üçin biraz suw we bir döwüm çörek getirmezmiň?» diýip soraýar. Emma aýal jogap edip, şeýle diýdi: — Meniň öýümde bir goşawuç un we azajyk ýag galdy. Bu diňe bir gezek özüm we oglum üçin çörek bişirmäge ýetýär. Ylýas ony köşeşdirdi: — Meniň üçin çörek bişirmekden gorkma. Seniň unuň bilen ýagyňyň tä ýagşyň ýagaryna çenli gutarmajakdygyny Hudaý maňa aýan etdi. Şeýlelikde, bu aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol Ylýas üçin çörek bişirip bilerdi. Ol özüni we ogluny Hudaý iýmitsiz galdyrmaz diýip, umyt edip bilýärdi. Ýa-da ol Ylýasy kowup, iň soňky bir goşawuç undan özüne we ogluna çörek bişirip bilerdi. Ine, bu aýal näme etdi. Ol çörek bişirip, ony Ylýasa berdi. Ol çöregiň baryny iýip, indi bolsa aýalyň özi we ogly üçin çörek bişirmegini buýurdy. Onuň wada berşi ýaly, hem un, hem-de ýag ýeterlik boldy. Her gün bu aýal üç adam üçin çörek bişirerdi. Emma un bilen ýag kemelmeýärdi. Tä ýagyş ýagýança, Hudaý bu aýalyň ununyň we ýagynyň gutarmazlygy hakynda alada etdi. Onsoň bugdaýlar sümmül ýetişdirdi, zeýtun bişip ýetişdi we açlyk gutardy. Aýalyň öz çöregini Ylýas bilen paşlaşandygy we özi, ogly we Ylýas hakda Özüniň alada etjekdigine ynandygy üçin, gaty hoşal boldy. Ýada salalyň Näme üçin Ylýas açlyk çekýärdi? Hudaý oňa näme buýurdy? Çöregi özi bilen paýlaşmalymy ýa-da ýokdugyny bilmedik aýala Ylýas näme diýdi? Aýal dogty saýlaw etdimi ýa-da ýok? Nädip Hudaý Ylýas hakda, aýal hakda we onuň ogly hakda alada etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Seniň öýüňde bir zadyň (unuň, benziniň, puluň we ş. m.) gutaran wagty boldumy we nädip Hudaý ol mätäçligiň öwezini doldurdy? Nähili pikir edýärsiň, bir zadyňy, mysal üçin, iýmitiňi, geýmiňi, kitabyňy ýa-da oýunjagyňy başga biri bilen paýlaşmagyň Hudaýa ýaraýarmy? Dogry saýlaw etmegi öwren Öz ýygnagyňda ýa-da ýerli haýyr-sahabat guramalarynda özüňiň bir zatlaryňy paýlaşyp bilýän mätäç adamlaryň hakynda bil. Ýa-da özüň bilen bir zatlaryny paýlaşan adamlara minnetdarlyk bildir. Haçan-da biz özümizde bar zatlary beýlekiler bilen paýlaşanymyzda, biz Hudaýa ýaraýandyrys. Dileg edeliň Hudaý, özümize berýän zatlaryňy bilen adamlar bilen paýlaşyp bilmegimize kömek et. Ähli gerek bolan zatlary bize hemişe iberýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Bir günde ýedi gezek suwa ýuwunmak Ikinji patyşalar kitaby 5 KIÇIJIK GYZJAGAZ NAGAMANA KÖMEK ETDIMI? DA OL ONUŇ NÄDIP ŞYPA TAPYP BILMEKDIGINI AÝTMADYMY? Nagaman beýik serkerdedi. Hemmeler oňa onuň batyrgaýlygy we oňat häsiýeti üçin hormat goýýardylar. Emma bu edermen esgeriň agyr we bejerip bolmaýan keseli bardy. Nagamanyň bütin endamyny ýara basypdy. Bu ýaralar Nagamana güýçli agyry ýetirip, ony betnyşan edýärdi. Kimdir biriniň özüne kömek etmegini Nagaman gaty isleýärdi. Nagamanyň öýünde bir kiçijik gyzjagaz ýaşaýardy, ol harby serkerdäniň aýalynyň hyzmatyndady. Bu gyz Hudaýyň halkynyň ýaşaýan ýurdunda doglupdy. Gyzjagaz Hudaýy söýýärdi we Ony söýýän adamlary hem bilýärdi. Şeýle adamlaryň biriniň ady Elýaşa pygamberdi. Nagaman we onuň aýaly bu gyzjagaza gaty mähirlidiler. Şonuň üçin hem gyzjagaz Nagamanyň keseli hakynda eşidende, gaty gamgyn boldy. Ol Elýaşa pygamber hakynda ýatlady we özüniň hojaýynyna nädip kömek etmelidigini ol pygamber bilýändir diýip oýlady. Bir gezek Nagamanyň aýaly öz ýanyna kiçijik hyzmatkäri çagyrdy. Gyzjagaz hojaýyn aýalyň näme isleýändigini bilmek üçin geldi. Şeýlelikde, gyzjagaz wajyp saýlaw etmelidi. Ol Nagamanyň aýalyna Elýaşanyň Hudaý söýüp, adamlara kömek edýändigi hakynda gürrüň berip bilerdi. Ýa-da ol pygambar hakda sesini çykarman bilerdi. Ahyrsoňy, ol bary ýogy kiçijik hyzmatkär gyzjagaz, galyberse-de, başga ýurtly. Nagaman ýaly şeýle wajyp adamyň hyzmatkäri öz hojaýynyna kömek edip biler diýip, hiç kim hem oýlamazdy. Ine, gyzjagaz näme etdi. Ol Nagamanyň aýalyna şeýle diýdi: — Men Hudaýy söýýän bir adamy tanaýaryn. Onuň ady Elýaşa. Siziň adamsyňyz onuň bilen duşuşyp biler. Meniň hojaýynymy Elýaşanyň sagaltjakdygyna men ynanýaryn. Özüni sagaldyp bilýän adam hakda eşitmäge Nagaman neneň şatdy! Ol öz kömekçileri bilen iň çalt at arabalaryna mündüler. Atlar Elýaşanyň ýaşaýan ýerine tarap ylgadylar. Pygamber Nagamana: «Sen Iordanyň suwuna ýedi gezek ýuwunmalysyň. Şonda seniň ýaralaryň ýok bolar» diýdi. Beýle maslahat Nagamany lapykeç etdi. Ol ençeme gezek bedenini ýuwupdy, emma hiç hili oňatlygy görmändi. Ýöne harby serkerdäniň kömekçileri oňa şeýle diýdiler: — Eger-de Elýaşa bir agyr işi etmegi saňa buýran bolsa, sen onuň beýle maslahatyna şatlyk bilen eýererdiň. Iordanyň suwuna ýedi gezek ýuwunmak seniň üçin nämedir? Birden bu dogrudanam kömek eder? Şeýdip, Nagaman derýanyň boýuna düşdi, suwa girip, bir gezek ýuwundy. Hiç zat üýtgemedi. Ol ikinji gezek ýuwundy. Hiç hili üýtgeşik zat ýok. Ol bedenini üçünji, dördünji, bäşinji we altynjy gezek ýuwdy. Ýaralar azalmaýardy. Soň ol ýedinji gezek suwa ýuwundy-da, kenara çykdy. Ol ýene-de öz ellerine seretdi. Hiç hili ýara görmedi. Ne aýaklarynda, ne eginlerinde, ne-de kellesinde. Nagaman sagaldy! Kiçijik gyzjagazyň öz hojaýynynyň aýalyna Elýaşa barada gürrüň berendiginden hoşaldy. Harby serkerde hem gaty şatdy we Elýaşa minnetdarlyk aýtdy. Özi üçin kiçijik gyzjagazyň eden işi üçin Nagaman Hudaýy söýdi. Ýada salalyň Nagamany sagaltmaga ukyply bolan haýsy adam barada gyzjagaz bilýärdi? Gyzjagaz dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Elýaşa Nagamana näme maslahat berdi? Bu gyzjagaz sebäpli nähili oňat wakalar bolup geçdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Özüňiň ýaşyňyň kiçidigine seretmezden, sen adamlaryň Isa hakynda bilmegine kömek edip bilersiň. Sen Hudaýyň Ogly Isanyň özüňiň neneň güýçli söýýändigiň hakynda gürrüň berip bilersiň! Sen olara Mukaddes Kitapdan alnan taryhly kitapçaňy görkezip bilersiň, çagalar üçin ýygnakda ýatlan aýdymyňy aýdyp bilersiň ýa-da Mukaddes Kitapdan ýatlan söýgüli aýadyňy aýdyp bilersiň. Şeýle-de, sen olar hakda dileg edip bilersiň. Şu hepdede Hudaýy tanamaga kömek edip biljek adamlaryňyň atlaryny aýt. Dogry saýlaw etmegi öwren Ýokarda agzalan usullaryň birini saýlap, şu hepdäniň içinde kimdir birine Isa hakda gürrüň bermäge synanyş. Haçan-da çagalar Hudaý hakda bilmäge beýleki adamlara kömek edeninde, Ol gaty hoşal bolýandyr. Dileg edeliň Hudaý, Seni oňat tanamaklyga kime kömek edip biljekdigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. «Şeýlelikde, gulak asyň!» Ikinji patyşalar kitaby 22–23 ÝOŞYÝA ÖZ HALKYNA HUDAÝYŇ KANUNYNY OKAP BERDIMI? DA OL BU KANUN WAJYP ZAT DÄL DIÝIP OÝLADYMY? Haçan-da Ýoşyýanyň sekiz ýaşy dolanda, ol adaty bolmadyk iş bilen meşgullanmaly boldy. Ol patyşa boldy! Oglan oňat patyşa bolup, ýalňyşlyklar goýbermejek boldy. Ol özüniň dogry diýip hasaplanyny däl-de, Hudaýyň dogry saýýanyny etmegi isleýärdi. Ol bütin ömür boýy hut şeýle-de etmäge synanyşdy. Haçan-da Ýoşyýa ýigitlik ýaşyna ýetende, ybadathananyň ýykylan ýerlerini bejermekligiň wajypdygyna, ol ýerden ybadathana degişli bolmadyk zatlary çykaryp taşlamalydygyna üns berdi. Şonuň üçin hem ol ybadathanany dikeldip, ony arassalamak üçin işçileri ýygnady. Iş döwründe işçiler Hudaýyň kanuny ýazylan birnäçe nusgalary tapdylar. Olar ençeme ýyllap ybadathanada ýatyrdy, emma hiç kim hem olaryň bardygyny bilmeýärdi. Nusgalar dolanan kagyzlary ýada salýardy we olara Hudaýyň birwagtlar Musa beren kanunlary ýazylandy. Kömekçileriň biri nusgalary patyşanyň köşgünde Ýoşyýa getirip berdi we olaryň käbirlerini ses bilen patyşa okap berdi. Ýoşyýa gaty gamgyn boldy. Öz ýurdunda adamlaryň ýyldan ýyla Hudaýyň kanunlaryny bozandyklary oňa aýan boldy. Şeýlelikde, Ýoşyýa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň kanunyny nädip ýerine ýetimelidigini bilmegi üçin ähli nusgalary soňuna çenli okap bilerdi. Şondan soň bütin halky ýygnap, oňa Hudaýyň kanunyny okap berip bilerdi. Soňundanam olary halkyň nädip ýerine ýetirmelidigini öwredip bilerdi. Ýa-da Ýoşyýa öz kömekçisine nusgalary äkidip, Hudaýyň kanunynyň wajyp bir zat däldigini aýdyp bilerdi. Patyşa haýsyny saýladyka? Halky ybadathana ýygnap, ol iň beýik sütüniň ýanynda durdy we ses bilen nusgalary okap başlady. Ýoşyýany diňläp oturan adamlar Hudaýyň kanuny, Onuň söýgüsi we wadalary hakynda bildiler. Şol ýerde, ybadathanada patyşa we onuň halky Hudaýy söýüp, Onuň parzlaryny ýerine ýetirjekdiklerine ant içdiler. Adamlaryň Hudaý söýmegi we ýene-de Oňa gulak asmagy isländikleri gaty gowy. Ýoşyýanyň Hudaýyň kanunlaryny tapyp, olary öz halkyndan gizlemändigi gaty gowy. Ýada salalyň Ybadathanada köp ýyllap näme ýatyrdy? Näme üçin Ýoşyýa gamgyn boldy? Ol dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hudaýyň parzlaryny eşidenlerinden soň adamlar nämeden ant içdiler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Mukaddes Kitabyň taryhlaryny sen ýygy-ýygydan diňleýäňmi? Hudaýyň Sözüni eşideniňde, sen näme etmek isleýäň? Dogry saýlaw etmegi öwren Şu Mukaddes Kitabyň taryhyndaky ýaly nusgany özüň ýaşa. Ilki bilen birnäçe kagyz sahypalaryny birleşdir we olara Mukaddes Kitabyň bir ýa-da birnäçe aýatlaryny ýaz. Onsoň şol birleşdiren kagyzlaryňy dola. Şeýle-de, sen şol nusgaňa Mukaddes Kitapdan söýýän taryhyňy öz sözleriň bilen ýazyp, onuň suratyny hem çekip bilersiň. Onsoň bu nusgaňy maşgalaň bilen oka. Hudaýyň Sözüni okamak bize nädip Hudaýy söýmelidigine we nädip Oňa gulak asyjy bolmalydygyna düşünmäge kömek edýär. Dileg edeliň Hudaý, Saňa Mukaddes Kitap üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle-de, Seniň Sözüňi okap, oňa gulak asyp bilýändigimiz üçin Saňa minnetdardyrys. Biz Seni söýýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Kim ýolbarslardan gorkýar? Danyýel pygamberiň kitaby 6 DANYÝEL HUDAÝA DILEG ETMEGINI DOWAM ETDIMI? DA OL OŇA DILEG ETMEGINI BES ETDIMI? Rr-r-r! Ýolbarslaryň arryldysy ähli köçelerde eşilýärdi. Aç ýolbarslar duş geleni iýmäge taýyndylar. Danyýel bilen onuň dostlary hem ýolbarslaryň arryldysyny eşitdiler. Olar şäherde ýolbarslaryň saklanýan çukurynyň bardygyny we şol ýere jezalandyrylmaly adamlaryň taşlanylýandyklaryny bilýärdiler. Adatça ol ýere patyşa gulak asmadyklary taşlaýardylar. Danyýel patyşanyň oňat dosty we onuň kömekçileriniň iň wajybydy. Galyberse-de, patyşa ony özüniň ähli hyzmatkärleriniň üstlerinden ýolbaçylyk etmäge bellejekdi! Patyşanyň beýleki kömekçileri Danyýeli söýmeýärdiler. Olar edil Danyýel ýaly, Hudaýa ynanyp, Oňa sežde etmeýärdiler. Ondan başga-da, olar patyşanyň dostunyň onuň iň wajyp kömekçisi bolmagyny islemeýärdiler. Şonuň üçin hem olar köşkde Danyýele garşy dildüwşük gurnadylar. Patyşanyň beýleki kömekçileri alyhezretleriniň ýanyna gelip, täze kanun kabul etmelidigine ony yryp başladylar. Olar özleriniň alyhezretlerine şeýle diýdiler: — Siziň alyhezretleriňiz, biz bir uly kanun oýlap tapdyk. Bu kanuna laýyklykda, ähli adamlar bir aýyň içinde diňe saňa dileg etmelidirler. Bütin şu wagtyň içinde adamlar dileg bilen başga birine adama ýa-da başga hudaýa dileg etmeklik hakyndan mährum bolýarlar. Eger olar seniň buýrugyňy bozaýsalar, onda çukurdaky aç ýolbarslara taşlanarlar. Belki-de, bu kanun oňatdyr diýip, patyşa pikirlendi. Şonuň üçin hem ol ylalaşyp, karar kabul etdi. Danyýel patyşanyň täze karary hakynda eşitdi. Emma şeýle karary ýerine ýetirip bolmajakdygyny ol bilýärdi, çünki diňe Hudaýa dileg edilmelidir. Ýogsa-da, ençeme ýyl mundan ozal Musa Hudaýyň Özi tarapyndan berlen kanuny ýazypdy. Hut şu kanun hem ýerine ýetirilmelidi. Eger kanun Hudaýyň parzlaryny bozmaga mejbur edýän bolsa, onda şeýle kanunyň erbetdigini Danyýel bilýärdi. Şeýlelikde, Danyýel wajyp saýlaw etmelidi. Ol hemişe edişi ýaly edip, Hudaýa dileg edip bilerdi. Şeýle bolanynda, ony bütin gijeläp ýolbarlaryň çukurynda galdyrardylar. Aç ýolbarslaryň onuň bilen näme edip biljekdikleri hakynda oýlanmak hem gorkunç! Ýa-da ol patyşanyň kararyna boýun bolup bilerdi. Şeýle bolanda, ol Hudaýa dileg etmän, patyşa sežde etmeli bolardy. Belki-de, ol edil patyşa sežde eden ýaly bolup, gizlinlikde Hudaýa dileg etmelidir? Danyýel näme etdikä? Ol dogry hereket etdi we her gün Hudaýa dileg etmegini dowam etdirdi. Her gün ol bir gezek ýa-da iki gezek däl-de, üç gezek dileg ederdi! Dileg wagtynda-da, ol gizlenmeýärdi. Ol muny giňden açyk duran aýnanyň ýanynda hem edýärdi. Islendik adam ony görüp bilýärdi! Elbetde, Danyýeliň nädip dileg edýändigini patyşanyň beýleki kömekçileri gördüler. Elbetde, olar baryp, bu hakda patyşa gürrüň berdiler. Patyşa gaty gamgyn boldy. Ol özüniň iň wajyp kömekçisini ýolbarslaryň parçalamagyna berip bilmezdi. Ol nädip ös dostuny halas etmelidigini oýlap tapmaga synanyşdy. Emma özi tarapyndan ýazylan karary öýtgedip bolmaýardy. Şeýlelikde, patyşanyň kömekçileri Danyýeli tutup, gün batandan soň ony ýolbarsly çukura taşladylar. Bütin gije patyşa gözüni ýumup bilmedi. Her salym ol Danyýel şu wagt näme edýärkä diýip, göz öňüne getirmäge synanyşýardy. Daň atyp ýetişmänkä, patyşa güýjüniň baryndan ýolbarsly çukura tarap ylgady. Çukuryň gyrasyna ýakynlap, ol: «Danyýel, Hudaýyň seni bu aç ýolbarslardan goradymy?» diýip gygyrdy. Patyşa çukura seretdi. Onsoň gözlerini owkalap, ýene-de aşak seretdi. Aşakda, ýyrtyjylaryň arasynda hiç hili zyýan çekmedik Danyýel aman-sag otyrdy! — Hudaý perişdesini iberdi, — diýip, Danyýel patyşa gürrüň berdi. — Ýolbarslar maňa zyýan ýetirmez ýaly, Ol olaryň agyzlaryny ýumdy. Özümiň hiç bir ýamanlyk etmändigimi Hudaý bildi. Danyýeliň diridigini bilip, patyşa neneň begendi! Özüniň parzlaryny ýerine ýetirip, dogry hereket etmek isländigi üçin Hudaý Danyýelden hoşaldy. Hut şeýle-de Danyýel hereket etdi. Ýada salalyň Patyşa nähili täze karar kabul etdi? Näme üçin bu karar erbetdi? Danyýel dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Çukurda nähili haýwanlar bardy? Hudaý nädip Danyýel hakda alada etdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Sen Hudaýa ýygy-ýygydan ýüzlenýäňmi? Özüňi zorlap dileg eden wagtlaryň boldumy? Käwagtlar dileg etmegi ýadyňdan çykarmadyňmy? Bu hakda ýadyňda saklamagyň üçin Hudaýdan kömek diläp bilermiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Danyýel dileg etdi we Hudaý ony aç ýolbarslardan gorady. Haçan-da sen dileg edeniňde, Hudaýyň özüňi nädip goraýandygy hakynda oýlan (özüňiň tigirde gidýändigiňi, erbet itden gaçýandygyňy we ş. m. göz öňüňe getir). Haçan-da biz dileg edenimizde, Hudaýyň bir parzyny ýerine ýetirýändiris we bu gaty gowy! Dileg edeliň Hudaý, Seniň parzlaryňy hemişe ýerine ýetirmäge we Seni ähli zatlardan hem artyk söýmäge bize güýç ber. Isanyň ady bilen. Omyn. Uly balygyň garnynyň içindäki syýahat Ýunus pygamberiň kitaby 1–2 ÝUNUS HUDAÝYŇ KÖMEKÇISI BOLMAK ISLEDIMI? DA OL GAÇMAK ISLEDIMI? Bir gezek Hudaý Ýunusa: «Mende seniň üçin iş bar. Men seniň Ninewe şäheriniň ýaşaýjylaryna kömek etmegiňi isleýärin. Olar gaty kän ýalňyşlyklar edýärler. Men bu adamlaryň Özümi söýüp, diýýänlerime gulak asmaklaryny isleýärin. Şeýle-de, Men olaryň bir-birlerine söýgi bilen gatnaşyk etmeklerini isleýärin». Şeýlelikde, Ýunus wajyp saýlaw etmelidi. Ol Ninewe şäherine gidip, özüne Hudaýyň tabşyranyny edip bilerdi. Belki-de, bu şäheriň ýaşaýjylary ony görmek islemezler, emma ol şonda-da Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirer. Ýa-da Ýunus özüne Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirmezligi çözüp bilerdi. Ýunus näme etdikä? Ol gizlenmek kararyna geldi! Ol howlukmaçlyk bilen kenara tarap ylgap, Nineweden başga tarapa gidýän gämä münýär. Belki-de, bu gaçgak açyk deňizde özüni Hudaý tapmaz diýip oýlandyr! Emma Ýunusyň nirededigini Hudaý oňat bilýärdi. Hudaý güýçli ýel turuzdy we deňizde tupan turdy. Ullakan tolkunlar gämä urulýardy. Deňizçiler şu wagta çenli şeýle tolkunlary görmändiler. Bu elhenç tupanyň Hudaý tarapyndan iberilendigine Ýunus düşünýärdi. Şeýle-de, ol özüniň hem näme etmelidigini gaty gowy bilýärdi. Ýunus deňizçilere ýüzlenip: «Men Hudaýdan gizlenýärin. Bu tupany turzan Oldur. Eger siz meni tolkunlara taşlasaňyz, tupan bes bolar» diýdi. Deňizçileriň hiç biri-de bu işi etmek islemedi. Ýöne olar munuň şeýle bolmalydygyna düşünip, Ýunusy gämiden taşladylar. Tolkunlar dessine kesildi we deňizçilar halas boldular. Ýöne Ýunus özüne bilen näme boljakdygyna düşünmeýärdi. Ol töwereginde deňziň geň ýaşaýjylaryny: kiçijik goýy gyrmyzy balyklary, orta ölçegli sary balyklary we bir ullakan balygy görýärdi. Bu balyk şeýle bir uludy welin, töweregindäki ähli balyklary Ýunus bilen bile ýuwutdy! Uly balygyň garnyna düşüp, Ýunus dileg edip başlady. Özüni halas etmek üçin Hudaýyň bu balygy iberendigine ol düşündi. Şonuň üçin hem ol Hudaýa minnetdarlyk bildirip, Oňa gulak asyjy boljakdygyny wada berdi. Soň näme bolduka? Ullakan balyk kenara ýakyn ýüzüp gelip, agzyny açdy we dürli balyklary tüýkürip goýberdi. Olar bilen bile Ýunus gury ýere düşdi. Ol muňa gaty şatdy! Ýene-de Hudaý Ýunusa Ninewe şäherine gitmegi buýurdy. Bu gezek Ýunus özüniň nähili saýlaw etmelidigini bilýärdi. Ol Hudaýa boýun bolup, Onuň tabşyran ýerine gitdi. Ninewe şäheriniň ýaşaýjylary Ýunusa gulak asdylar we özleriniň nädogry eden işlerine ökündiler. Olar öz durmuşlaryny özgertmekligi çözdüler. Olar bir-birlerini söýerler. Hemme zatdan hem Hudaýy güýçli söýerler. Ahyrsoňy Ýunusyň Özüni diňläp, Öz kömekçisi bolandygy üçin Hudaý ondan hoşaldy. Ninewe şäheriniň ýaşaýjylarynyň Özüni söýüp, Özüne gulak asmaklygy isländikleri üçin Hudaý gaty şatdy. Ýada salalyň Hudaý Ýunusyň nirä gitmegini buýurdy? Ýunus dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Uly balygyň garnyndan çykansoň, Ýunus nähili karar kabul etdi? Ýunusy diňläp, Ninewe şäheriniň ýaşaýjylary näme etdiler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Belki-de, käwagtlar sen hem Hudaýa gulak asmak isleýän dälsiň. Belki-de, käwagtlar sen dileg etmegi ýa-da oňat bolmagy isleýän dälsiň. Belki-de, ata-eneňe gulak asmak isleýän dälsiň. Munuň nähili gaýgyly netijelere getirýändigi hakynda gürrüň ber. Dogry saýlaw etmegi öwren Uklamazyňdan ozal, kelläň bilen bile bütin endamyňy ýorgan bilen ýap. Uly balygyň garnynda hem hut şeýle garaňkylyk bolupdy. Krowadyňda eýläk-beýläk çaýkan we edil Ýunus ýaly suwda ýüzýändigiňiz göz öňüňe getir. Onsoň ýorganyňy aç we ýene-de ýagtylykda bolmagyň neneň oňatdygyna göz ýetir. Hudaýa gulak asmaklygy günüň yşygynda ýa-da özümizi doly howpsuzlykda we bagtly duýýan oňat yşykly otagda bolmaklyk bilen deňeşdirip bolýandyr. Dogry hereket etmekden ýüz öwrenimizden, Hudaýa gulak asyjy bolanymyz oňatdyr. Dileg edeliň Hudaý, oňat işleri etmekden biziň hiç haçan ýüz öwürmezligimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Hudaýyň täsin niýeti Lukanyň Hoş Habary 1:26–50 ÖZÜNDEN HUDAÝYŇ ISLÄNINI ÝERINE ÝETIRMÄGE MERÝEM YLALAŞDYMY? ÝA-DA OL BOÝUN TOWLADYMY? Merýem kiçijik Nasyra şäherindäki ejesiniň öýünde ýaşaýardy. Edil beýleki gyzlar ýaly, Merýem hem guýudan suw getirýärdi, nahar taýýarlamagy we tikin tikmegi öwrenýärdi. Ol haýwanlary söýýärdi we hemişe guşlary çöregiň owuntyklary bilen iýmitlendirýärdi. Gyzjagaz ulalyp, hakyky gelin bolup ýetişdi! Tizara Ýusup onuň adamsy bolar. Ýusubyň öz ussahanasy bar we ol şol ýerde owadan mebelleri ýasaýar. Merýemiň neneň owadan öýi bolar! Ol bireýýäm toý güni barada we şol gün mynasybetli nähili baýramçylyk etjekdikleri hakynda oýlanýardy. Bir gezek daňdan Merýem otagyny arassalaýarka, birden bir nätanyş peýda boldy. Onuň geýimleri gözleriňiz gamaşdyryp, nur saçyp durdy. Merýem şu wagta çenli muňa meňzeş zady görmändi we gaty gorka düşdi. Hakykatda bolsa bu nätanyş Jebraýyl perişdäniň özünden başga hiç kim hem däldi. Ol Merýemiň ýanyna Hudaý tarapynda iberilipdi. Hudaýyň ilçisi oňa: «Gorkma, Merýem. Men saňa hoş habar getirdim» diýdi. Bu habar özüniň geljekki adamsy Ýusup hakynda ýa-da olaryň toýy hakynda diýip, Merýem güman eden bolsa gerek. Perişde sözüni dowat etdirdi: — Hudaý ýer ýüzüne Halasgäri ibermegi niýet edindi. Ol ähli adamlara Hudaýyň söýgüsi hakynda gürrüň berer. Iň täsin çaganyň ejesi bolup, Onuň adyna Isa dakmagyňy Hudaý senden isleýär. Merýem gorka düşdi: — Emma meniň çagam bolup bilmez. Men entek Ýusuba durmuşa çykmadym. Perişde jogap berip: «Bu çaga Hudaýyň Ogly bolar. Ol adamlary günälerinden azat eder» diýdi. Şeýlelikde, Merýem wajyp saýlaw etmelidi. Ol özünden Hudaýyň islänini etmäge ylalaşyp bilerdi. Hatda Ýusup düşünmese-de, özi hakda Hudaýyň alada etjekdigine Merýem ynanyp bilerdi. Ýa-da Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna özüniň gatnaşjak däldigini ol perişdä aýdyp bilerdi. Goý, Hudaý Öz Ogly üçin başga ene tapsyn. Merýem näme etdikä? Ol: «Men Hudaýyň islegini şatlyk bilen ýerine ýetirerin» diýip, perişdä jogap berdi. Haçan-da perişde öz ýanyndan aýrylandan soň, Merýem garyndaşy Elizabetiň ýanyna gitdi. Elizabet Merýeme näme bolandygyna dessine düşündi. Merýemiň täsin çagasynyň boljakdygyny Hudaý Elizabete aýan edipdi. Şonda Merýem aýdym aýtdy: — Meniň ýüregim Hudaýy alkyşlaýar. Ol täsinlikler göredýär. Ol dünýä Öz Ogluny iberýär. Bu çaganyň ejesi bolmagym üçin, Hudaý meni saýlady. Öz niýetine gatnaşmaga ylalaşandygy üçin Hudaý Merýemden hoşaldy. Merýem Onuň Ogly Isanyň ejesi bolar. Ýada salalyň Merýemiň geljekki adamsy kimdi? Hudaýyň haýsy niýeti hakda perişde Merýeme habar berdi? Merýem dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Perişde gidensoň, Merýem näme etdi? Özi üçin Hudaýyň taýýarlanyna Merýem nähili seretdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Hudaý senden nämä garaşýar diýip pikir edýäň? Ol seniň öz ata-eneňe we mugallymlaryňa gulak asmagyňy isleýär. Ol seniň käbir täze zatlary öwrenmegiňi isleýär. Ol seniň oňat bolmagyňy isleýär. Seniň Onuň umytlaryny ödemäge taýynmy? Dogry saýlaw etmegi öwren Şu gün özüňiň näme etjekdigiňi kagyza çek, çünki bu işi etmegiňi Hudaý isleýär. Entek çekýärkäň, oýlan: haçanda sen ulalanyňda, nähili adam bolmagyňy Hudaý isleýär? Özümiz babatdaky Hudaýyň niýetine garşy çykmanymyzda, Hudaý şatlanýandyr. Dileg edeliň Hudaý, biz Saňa gulak asyjy bolup, Seniň bilen her gün gürleşmek isleýäris. Özümiz babatda Öz niýetleriňi açmagyňy isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Merýem we Isa hakda alada etmek Mattanyň Hoş Habary 1:18–25 ÝUSUP MERÝEM WE ISA HAKDAKY ALADANY ÖZ ÜSTÜNE ALDYMY? ÝA-DA OL HUDAÝYŇ TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRMEDIMI? Agaç ussasy Ýusubyň Nasyra şäherinde özüniň ussahanasy bardy. Her gün ol eline byçgydyr çekiji alyp, öz müşderileri üçin agaçdan dürli zatlar ýasaýardy. Käwagtlar ol stoldur stullar ýasaýardy. Käwagtlar bolsa ol zähmet gurallaryny ýasaýardy. Ýusubyň işi gaty kändi we ol özüni bagtly duýýardy. Indi, öz toýunyň öň ýanynda ol aýratynam bagtlydy. Ol özi üçin Merýemiň oňat aýal we kömekçi boljakdygyny bilýärdi. Öz öýüne Merýemiň girjekdigi neneň täsin! Hususy öýi we özüniň geljekki aýaly üçin nähili stol ýasajakdygyny Ýusup oýlaýardy. Bir gezek Merýem Ýusuba täsin habary aýtdy! Ol öz ýanyna perişdäniň gelendigini gürrüň berdi. Şeýle-de, ol özüniň çaga garaşýandygyny aýtdy. Ýusup näme pikir etmelidigini bilmedi. Ol näme diýmelidigini hem bilmedi. Öýüne barýan ýolda Ýusup özüniň geljek üçin gurýan meýilnamalary hakynda oýlanan bolsa gerek. Ol Merýeme öýlenmäge taýýarlanýardy. Özleriniň çagalary bolar diýip, ol arzuw edýärdi. Emma indi… Gije Ýusup öz öýünde ýeke otyrdy. Indi Merýem öz aýaly bolup bilmez diýip oýlanýardy. Uklamak üçin düşeginde ýatyp, ussa özüniň ähli umytlarynyň puja çykandygyny duýdy. Emma şol gije Ýusuba geň bir düýş göründi. Düýşünde onuň bilen perişde gürleşdi. Ol Ýusup üçin Hudaýdan wajyp habar getirdi. — Merýeme öýlenmekden gorkma, — diýip, perişde aýtdy. — Merýem we çaga hakda alada etmekden gorkma. Merýemiň öz göwresinde göterýän çagasy — Hudaýyň Ogludyr. Haçan-da Ol doglanda, Onuň adyna Isa dak. Ol adamlary günälerinden azat eder. Şeýlelikde, günüň ilkinji şöhleleri bilen ukudan turan Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol Merýeme öýlenip bilerdi, çaganyň Hudaýyň Ogludygyny bilip, Isa hakda alada edip bilerdi. Ýa-da ol ile bildirmän, Merýemi başga oba iberip bilerdi. Goý, onuň özi çagany ulaltsyn. Ahyrsoňy, ol bary-ýogy agaç ussasy. Galyberse-de, şeýle täsin çaga hakda alada etmek — gaty jogapkärli iş. Ýusup näme etdikä? Ol çaltlyk bilen geýnip, Merýemiň öýüne tarap howlukdy. Ol güýjüniň baryndan ylgan bolsa gerek. Ol öz gelinligine düýşünde perişdäni görendigini we perişdäniň Merýem we çaga hakda alada etmegi tabşyrandygy hakynda gürrüň berdi. Şeýlelikde, Merýem bilen Ýusup arzuw edişleri ýaly öýlenerler. Bilelikde olar ussahanaly kiçijik öýde ýaşarlar. Bilelikde olar Isany ulaldarlar. Merýem we çaga hakda aladany öz üstüne alandygy üçin Hudaý Ýusupdan hoşaldy. Öz Ogly Isanyň Ýusup bilen howpsuzlykda boljakdygyny Hudaý bilýärdi. Ýada salalyň Ýusup näme bilen meşguldy? Öýlenmäge taýýarlanyp, ol özüni bagtly duýýardymy? Merýem oňa nähili täsin habary gürrüň berdi? Perişde Ýusubyň düýşünde oňa näme diýdi? Ýusup dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Hudaý seniň maşgalaňyň her bir agzasyna nähili borçlary berdi? Özüňiň ýerine ýetirýän borçlaryň saňa gaty kyn bolup görünýärmi? Ýadyňda sakla, eger Hudaý seniň nähilidir bir işi ýerine ýetirmegiňi isleýän bolsa, onda ony edip bileriň ýaly, Onuň Özi saňa kömek eder. Dogry saýlaw etmegi öwren Soňky wagtlar öz maşgalaň hakynda alada eden adamlaryň birine jaň et (mamaňa ýa-da babaňa, terbiýeçiňe, mugallymyňa) we olaryň eden işleri üçin minnetdarlyk bildir. Hudaý adamlaryň üstlerine ýüklän jogapkärçiliklerini ýerine ýetirip bilmeklerine hemişe-de kömek edýär. Dileg edeliň Hudaý, özümiz hakda alada etmegiňe Saňa kömek edýän adamlaryň ählisi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle-de, öz üstümize ýüklän borçlaryň üçin hem minnetdardyrys. Isanyň ady bilen. Omyn. «Gorkmaň» Lukanyň Hoş Habary 2:8–20 ÇOPANLAR PERIŞDÄ YNANDYLARMY? DA OLAR ONUŇ SÖZLERINE GULAK ASMADYLARMY? Her gün çopanlar Beýtullahamyň ýanyndaky baýyrlarda örňeýän goýun sürülerini goraýardylar. Bir gezek öz goýunlaryny bakyp ýörkäler, çopanlar rim esgerini gördüler. Ol şähere gidýän ýol boýunça atyny çapyp bar-ýardy. Onuň Beýtullahamda doglanlaryň baryny ýazyp almaga barýandygyny çopanlar bilýärdiler. Şeýle-de, olar bütin günüň dowamynda ýazuw üçin şähere yzlary üzülmän gelýän adamlary görýärdiler. Giç agşamda ýol boýunça gelýän ýadaw är-aýaly gördüler. Aýal eşegiň üstünde barýardy, adamsy bolsa onuň ýanynda ýöräp, gaty aladaly görünýärdi. Agşama çenli şähere adamlaryň şeýle bir uly topaty geldi welin, şäheriň diwarlary olary sygdyryp bilmejek ýalydy. Gijäni geçirmek üçin bu adamlar nirede düşlejekkäler diýip, çopanlar haýran galýardylar. Bütin Beýtullahamda şunça düşek tapylmaz. Ine, ýolda gelýän bu adamyň ýüzi şu sebäpli şeýle aladaly görünýän bolsa gerek. Garaňky düşende, çopanlar goýunlaryny sanap, dynç almaga taýýarlandylar. Şol wagt goýunlaryň gezmeleýän baýyrlaryna ýuwaş, rahat gije aralaşdy. Agşamlyk naharyny edinip, çopanlar howa hakda gürleşdiler we gije oduň sönmezligi üçin oňa birnäçe odun taşladylar. Goýunlar baýryň eňňidinde ukladylar. Käbir çopanlar hem irkildiler. Birden ýagty yşyk bütin asmany şöhlelendirdi! Hemmelerden öň bu yşygy iň ýaş çopan duýan bolsa gerek. Asmanda şöhläniň gitdigiçe ýagtylýandygyna çopanlar seretdiler. Haçan-da töwerek edil gündiz ýaly ýagtylanda, perişde peýda boldy. Munuň näme bolmagy mümkin? Çopanlar donlary bilen kellelerini ýapdylar. Belki-de, olaryň käbirleri daşlaryň arkasynda gizlenendirler. Wajyp habary getiren perişde çopanlara ýüzlendi: — Gorkmaň. Men size hoş habar getirdim. Beýtullahamda Halasgär doguldy. Baryň we çaga serediň. Ol gundaga dolanan we haýwanlar üçin niýetlenen ahyrda ýatyr. Birden bütin asman perişdelerden doldy! Olar Hudaýy alkyşlap, aýdyp aýdýardylar: — Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat! Onsoň perişdeler peýda boluşlary ýaly, şeýle-de çalt ýitirim boldular. Perişdeler ýok, olaryň aýdymlarynyň sesi-de ýok we asmandan gelýän ýagty yşyk hem ýok. Baýryň eňňidinde uklap ýatan goýunlar galdy. Çopanlaryň käbirleri daşlaryň arkasyndan çykmaga het etdi. Indi olar näme etmelidiler? Şeýlelikde, çopanlar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar perişdä ynanyp, onuň maslahatyna eýerip bilerdiler. Olar Beýtullahama baryp, ahyrda ýatan çagany gözläp bilerdiler. Ýa-da olar özlerini edil bu gijäniň beýleki gijelerden hiç-de tapawutlanmaýandygy ýaly alyp baryp bilerdiler. Olar edil hiç hili perişdeleri görmedikýaly, öz goýunlaryny bakmaklaryny dowam etdirip bilerdiler. Ine, çopanlar näme etdiler. Olar tolgundyryjy by bolan wakany ara alyp maslahatlaşmaga başladylar we göze görneniň Hudaý tarapyndan iberilen perişdedigine düşündiler. Şonuň üçin hem çopanlaryň biri: «Geliň, Beýtullahama baralyň we Çagany tapalyň. Hudaýyň tabşyryşy ýaly, biz Oňa syn ederis» diýdi. Olar goýunlara seretmek üçin öz ýoldaşlarynyň birini ýa-da ikisini galdyryp, galanlary Beýtullahama tarap ylgan bolsalar gerek. Elbetde, iň ýaş çopan olar bilen bile gitdi. Olar haýwanlaryň uklap ýatan kiçiräk bir mal ýatagyny tapdylar. Şol ýerde-de erkek, aýal we Çaga bardy. Bary edil perişdäniň aýdyşy ýalydy. Çopanlar ýuwaşlyk bilen Çaga ýakynlaşyp, Oňa seretdiler. Täsin Çaga uklap ýatyrdy. Haçan-da çopanlar Beýtullahamdan gidenlerinde, olar gaty tolgunýardylar. Ýol ugry olar özlerine duş gelen her bir kişini saklap, oňa perişde we onuň aýdan täsin habary — Halasgär Isanyň doglandygy hakynda gürrüň berýärdiler. Çopanlaryň perişdä ynanyp, Öz Ogly Isany olaryň ilkinjiler bolup görendikleri üçin Hudaý gaty şatdy. Ýada salalyň Gijäniň içinde çopanlar näme gördüler? Perişde olara näme hakda gürrüň berdi? Çopanlar dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Çopan kimiň ahyrda ýatandygyny gördüler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Isanyň elmydam öz ýanymyzdadygy hakynda Hudaý Mukaddes Kitapda aýdýar. Sen muňa ynanýarsyňmy? Ony söýýändigiňi hut şu wagt aýdyp bilermiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Don geýip, eliňe taýak al — şeýle etseň, sen biraz çopana meňzärsiň. Pagtanyň bölejiklerinden goýunlary ýasa. Perişdelerden nähili ýagtylygyň gelendigini göz öňüňe getirmek üçin jübi çyrasyny ýak. Çopanlaryň biriniň roluna girip, olaryň şatlygyny beýan etmäge synanyş. Edil çopanlaryň perişdä ynanyşlary ýaly, biz hem Mukaddes Kitabyň Isa hakda aýdýanlaryna ynanyp bileris. Dileg edeliň Hudaý, çopanlar üçin bolşy ýaly, biziň üçin hem bu dünýä Isany ibereniň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris! Seniň elmydam öz ýanymyzdadygyňa we islendik wagt Seniň bilen gürleşip bilýändigimize ynanyp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Täze ýyldyz Mattanyň Hoş Habary 2:1–11 ÖZLERINE HUDAÝYŇ ÝOL GÖRKEZJEKDIGINE MÜNEÇJIMLER YNANDYLARMY? ÝA-DA OLAR ÖÝLERINDE GALDYLARMY? Isa Beýtullahamda doguldy. Bu kiçijik şäherde az adam Çaganyň doglandygy hakynda bilýärdi. Ýöne käbir täsin wakanyň bolandygyny gündogarda ýaşaýan müneçjimler bildiler. Her gije müneçjimler ýyldyzly asmana syn edýärdiler. Ine-de, bir gezek olar ähli ýyldyzlardan has hem güýçli şöhle saçýan täze owadan bir ýyldyza üns berdiler. Bir ýerlerde täze patyşanyň doglandygyna olar düşündiler. Ol ähli adamlaryň, hatda uzak gündogarda ýaşaýan bu müneçjimleriň hem patyşasy bolar. Ýyldyz täzedi we ol gögüň günbatar tarapynda şöhle saçýardy. Bu müneçjimleriň bileniniň barydy. Olara ne patyşa, ne-de ony nireden gözlemelidikleri mälimdi. Şeýlelikde, müneçjimler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar täsin ýyldyzyň yzyna düşüp, diňe Hudaýa bil baglap, ýagny täze patyşa bolan ýoly Onuň görkezjekdigine umyt baglap bilerdiler. Ýa-da müneçjimler hiç ýere gitmän, ýyldyzlary öwrenmeklerini dowam etdirip bilerdiler. Olar özleriniň gören täze ýyldyzlary hakynda kitap ýazyp bilerdiler, emma bu täze patyşanyň kimdigini hiç haçan hem bilmezdiler. Ine, soň näme bolup geçdi. Müneçjimler uzak syýahata taýýarlandylar. Olar ýolda özleri üçin gerek boljak zatlaryň baryny aldylar. Olar ir-iýmiş, geýim we sowgatlar — beýik patyşa üçin täsin sowgatlar aldylar. Günbatarda şöhle saçýan ýyldyza seredip, olar ýola düşdüler. Täze patyşany tapmak üçin müneçjimlere kän wagt gerek boldy. Gündiz olar uklaýardylar, gijesine bolsa olar ýyldyzyň yzy bilen gidýärdiler. Ol edil asmanda ýerini üýtgedip, müneçjimleri öz yzy bilen alyp barýan ýalydy. Haçanda müneçjimler Iýerusalime girenlerinde, olar patyşa, elbetde, şunuň ýaly uly şäherde dünýä inmelidir diýip oýladylar. Şonuň üçin hem olar: «Täze patyşa nirede doguldy? Bizi bu ýere onuň ýyldyzy alyp geldi» diýdiler. Hirodes patyşa täze doglan patyşa hakynda hiç zat bilmeýärdi, şonuň üçin hem iň akyldar adamlary ýygnamagy buýurdy. Olar uzak wagtlap öz kitaplaryna seretdiler-de, ahyrynda: «Ol Beýtullahamda» diýdiler. Hirodes patyşa bu ýyldyzyň haçan peýda bolandygyny müneçjimlerden sorady we şondan soň olaryň bu Çagany gözlemeklerini maslahat berdi. Müneçjimler Iýerusalimden çykdylar. Ýene-de ýyldyz olaryň öňlerinde ýalpyldaýardy. Indi ol olary Beýtullahama eltýärdi. Şol ýerde, kiçijik öýde olar Isany öz ejesi Merýem bilen tapdylar. Çagany görüp, müneçjimler Oňa sežde etdiler. Onsoň olar Onuň üçin getiren öz sowgatlaryny — öwşün atýan altyn, ýag we atyr berdiler. Müneçjimler Merýeme täsin ýyldyz hakynda we doglan Patyşanyň gözleginde özleriniň geçen ýollary hakynda gürrüň berdiler. Müneçjimleriň Isanyň görmek isländikleri üçin Hudaý şatdy. Özüniň asmanda peýda eden ýyldyzyna olaryň eýerendikleri üçin Hudaý şatdy. Olaryň patyşasy Isa bolar! Ýada salalyň Müneçjimler asmanda näme gördüler? Olar nähili saýlaw etdiler? Ýyldyz müneçjimleri nirä alyp bardy? Isany tapanlaryndan soň olar näme etdiler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Yzyndan giderimiz ýaly, biziň ýyldyzymyz ýok, emma biz özümize hemişe dogry ýoly görkezmegi üçin Hudaýa dileg edip bilýändiris. Hudaý seni nirä alyp barsa-da, Sen Onuň yzyna eýerjekmi? Dogry saýlaw etmegi öwren Öz garyndaşlaryňyň biri bilen bulutsyz gije ýyldyzlara syn et. Neneň kän ýyldyz, şeýle dälmi? Nädip müneçjimler täze ýyldyzy görüp bildiler? Olara Hudaý kömek eden bolsa gerek. Özümizi nirä alyp barsa-da, biz Hudaýyň yzyna eýermeklik kararyny kabul edip bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, özlerini Isanyň ýanyna alyp baran ýyldyzy müneçjimlere aýan edeniň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Biziň hem Seniň yzyňa eýermegimize kömek et. Edil şol müneçjimleri ýaly, biz hem Seniň Ogluňa sežde etmegi hemme zatdan hem güýçli isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. «Torlaryňyzy taşlaň» Markusyň Hoş Habary 1:16–20 PETRUS, ANDREÝAS, ÝAKUP WE ÝAHÝA ISANYŇ YZYNA EÝERDILERMI? ÝA-DA OLAR BALYK TUTMAKLARYNY DOWAM ETDIRDILERMI? Daň säheridi, ýaňyja günüň ilkinji şöhleleri görnüp başlapdy. Ýuwaş Jelile deňzinde balykçylaryň gämileri ýüzýärdi. Olaryň birinde iki doganlar — Petrus we Andreýas, beýlekisinde bolsa — Ýakup we Ýahýa. Bütin gije olar balyk tutdular. Bularyn ählisi hem tejribeli balykçylardylar we köplenç gijesine deňze gidýärdiler. Daňda bolsa olar tutan balyklary bilen kenara dolanýardylar. Erkekler uly torlar bilen balyk tutýardylar. Ilki bilen olar torlary gämä ýükleýärdiler we onsoň deňze çykýardylar. Şol ýerde olar torlarynyň bir ujundan berk tutup durup, olary deňze atýardylar. Balyklar tora düşüp, çolaşyp galýardy. Balyklardan dolan torlary doganlar suwdan çekip çykaryp, öýlerine dolanýardylar. Tutulan balyklar bilen olar iýmitlenýärdiler. Emma köplenç çörek we ir-iýmiş satyn almak üçin olar tutan balyklaryny satýardylar. Torlaryny deňze atyp, balykçylar garaşýardylar. Käwagt bolsa olar irkilýärdiler. Käwagtlar bolsa kelleleriniň üstünde aýlanýan suw guşlaryndan hezillenerdiler. Käwagtlar bolsa deňziň kenarynda ýygnanan adamlara syn edýärdiler. Ine, bir gezek olar ýeke özi gelýän adamy gördüler. Bu Isady! Ol eýýäm ulalypdy. Isa Petrus bilen Adreýasa ýüzlenip: «ynsan tutýan balyhçylar ederin» diýýär! Onsoň Ol Ýakup bilen Ýahýanyň Öz yzyna eýermeklerini haýyş etdi. Doganlar bir-birlerine bakdylar. Olar «ynsan tutýan balyhçylar ederin» diýleniň näme aňladýandygyna düşünmediler. Emma Hudaýyň Özüniň olara Isanyň yzyna eýermelidiklerini aýdýandygyny doganlar duýdular. Olar özlerinden şu ädimi ätmeklerini Hudaýyň soraýandygyna düşündiler. Şeýlelikde, Petrus we Andreýas, Ýakup we Ýahýa wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Hudaýyň sesine gulak asyp, Isanyň yzyna eýerip, Onuň şägirtleri bolup bilerdiler. Ýa-da olar öz gämilerinde galyp, balyk tutmaklaryny dowam etdirip bilerdiler. Balykçylar näme etdiler? Petrus bilen onuň dogany Andreýas ellerindäki torlaryny taşladylar. Olaryň tutan ähli balyklary deňze gaçyp gitdi. Ýakup bilen onuň dogany Ýahýa hem torlaryny taşladylar. Dört balykçy kenara tarap gämilerini kürekäp başladylar. Gury ýere çykyp, olar Isa tarap ugradylar. Petrus we Andreýas, Ýakup we Ýahýa Isanyň yzyna düşüp, Onuň iň oňat dostlary boljakdyklaryny wada berdiler. Olar Ondan öwrenerler, Onuň şägirtleri bolarlar. Dört balykçy «adam tutujylar» bolarlar we adamlara Hudaýyň söýgüsi hakynda gürrüň bererler. Petrusyň we Andreýasyň, Ýakubyň we Ýahýanyň Isanyň yzyna eýermegi isländikleri üçin Hudaý şatdy. Olaryň Isanyň ilkinji şägirtleri boljakdyklaryny Hudaý bilýärdi. Ýada salalyň Her gämide näçe dogan bardy? Kenarda balykçylar kimi gördüler? Isa olara näme teklip etdi? Dört balykçy dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Isa seniň hem Öz kömekçisi bolmagyňy isleýär. Ýöne balykçylaryň edişleri ýaly, sen ilki bilen Onuň dört şägirdi bolmalysyň. Haçan sen öwreneniňden soň, seniň kömegiň nämede jemlener? Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyza deňziň we yrgyldaýan gämileriň suratlaryny çek. Degişme üçin, kagyzyň iň aşadyna ýelim çalyp, onuň üstüne çäge dök — bu saňa deňziň kenaryna ýatladar. Ýa-da balyk görnüşli kökeleriň birnäçesini iý. Biz hem Isanyň kömekçileri bolup bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, Sen bizi Isanyň şägirtleri bolmaga çagyrdyň. Munuň üçin biziň näme etmelidigimizi görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. Guýynyň başynda Ýahýanyň Hoş Habary 4:4–30, 39 ISA GUÝYNYŇ BAŞYNDA BIR AÝALA DUŞ GELIPDI. OL AÝAL ÖZ TANYŞLARYNA ISA HAKDA GÜRRÜŇ BERDIMI? ÝA-DA OL MUNY ETMÄGE GORKDUMY? Indi Isanyň on iki şägirdi bardy. Olar Isanyň yzy bilen hemme ýere gidýärdiler. Bir gezek Isa Öz şägirtleri bilen bir özge ýurda geldiler. Ol uly bolmadyk şäheriň ýanynda saklandylar. Isa dynç almak üçin guýynyň başynda oturdy, şägirtleri bolsa biraz azyk satyn almak üçin şähere gitdiler. Isa daň säherden bäri ýoldady we günortana golaý Ol suwsady. Emma guýudan suw çeker ýaly, onuň hiç zady hem ýokdy. Tizara guýa bir aýal geldi. Ol günortanyň jöwzasynda suw çekmäge gelipdi we bu gaty geňdi. Emma bu aýal guýynyň başyna şäheriň beýleki ýaşaýjylar gelende, gelmek islemeýärdi. Ol özüniň edýän käbir işlerinden utanýardy we şonuň üçin hem adamlar bilen duşuşykdan gaça durýardy. Emma ol Isany tanamaýardy. Öz durmuşy hakda bu adama hiç zat hem mälim däldir diýip, aýal oýlady. Diýmek, ol Isadan gizlenmän biler. Isa aýaldan suw sorady. — Näme üçin Sen menden suw dileýäň? — diýip, aýal haýran galdy. — Seniň halkyň bizi söýmeýär ahyryn? Muňa jogap edip, Isa şeýle diýdi: — Meniň Kimdigimi sen bilmeýärsiň. Eger bilen bolsadyň, onda özüň Menden kömek sorardyň we şondan soň hiç haçan hem mätäç bolmazdyň. Soň Ol: «Bar we şu ýere äriňi getir» diýdi. — Meniň ärim ýok, — diýip, aýal boýun aldy. — Dogry aýdýaň. Seniň kän äriň boldy. Şu wagt bile ýaşaýanyň hem saňa är däl. Aýal haýran galyp, doňup durdy. Isa ol hakda bar zady bilýärdi. Emma Isa oňa gaty mähirli adam ýaly bolup göründi we aýal şu wagta çenli şeýle adama asla duş gelmändi. Aýal Isanyň adaty Adam däldigine düşündi. Isa bilen bu aýal Hudaýa sežde etmek hakynda gürrüň etdiler. Isa Özüniň Hudaýyň Ogludygyny, dünýäniň Halasgäridigini aýtdy. Şol pursat guýa Isanyň şägirtleri dolanyp geldiler. Emma bu ikileriň näme hakda gürrüň edendiklerini olar soramadylar. Şeýlelikde, aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol şähere baryp, ähli tanyşlaryna Isa hakda gürrüň berip bilerdi. Elbetde, şol bir wagtyň özünde bu aýal özüniň görmek islemeýän, olardan utanýan adamlaryna duş gelerdi. Ýa-da ol Isa hakda hiç kime hiç zat aýtman, öýüne gidip bilerdi. Bu aýal näme etdikä? Ol şähere tarap ylgady. Indi ol adamlar bilen duşuşmak onuň üçin gorkunç däldi. Isa oňa kömek etdi. Hudaýa nädip sežde etmelidigi hakynda Isa oňa gürrüň beripdi. Ýol ugry özüniň duş gelen adamlaryna bu aýal: «Özüm hakda bar zady bilýän Adama syn etmäge howlugyň. Ol Halasgär bolsa gerek» diýýärdi. Günortanyň jöwzasyna seretmezden, ençeme adamlar guýynyň başyna gelip, Isany diňleýärdiler. Aýalyň gürrüň beren Isasynyň öz şäherine gelendigi üçin, ol adamlar gaty şatdylar. Hudaý hem şatlandy. Şäheriň ähli ýaşaýjylary Isa hakda bildiler, çünki aýal bu täsin habary hemmelere ýetiripdi. Adamlaryň Isa hakda bilmekleri üçin, kimdir biri Ol hakda gürrüň bermelidir! Ýada salalyň Isa aýala nähili haýyş bilen ýüzlendi? Näme üçin bu aýal adamlar bilen duşuşykdan gaça durýardy? Näme üçin bu aýal özüniň öň duşuşmak islemeýän adamlary bilen gürrüň edip başlady? Aýal dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Sen öz tanyşlaryňa Isa hakda näme gürrüň berip bilersiň? Sen Ol baradaky iň söýgüli aýdymyňy aýdyp bilersiňmi? Surat boýunça sen olara Mukaddes Kitabyň bir taryhyny gürrüň berip bilersiňmi? Dogry saýlaw etmegi öwren Kitaplaryň, žurnallaryň we kataloglaryň sahypalaryny dörüşdirip, dürli milletleri adamlaryň suratlaryny tap. Hudaý hemmeleri söýýär! Nädip biz beýlekilere öz söýgümizi aýan edip bileris? Özi hakda ähli bilenlerimizi öz tanyşlarymyza gürrüň bermegimizi Isa isleýändir. Dileg edeliň Hudaý, özümiz hakda bar zady bilýändigiňe seretmezden, bizi söýýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Öz tanyşlarymyz bilen bu şatlykly habary nädip paýlaşyp bilýändigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. Uzak aralykdan sagaltma Mattanyň Hoş Habary 8:5–13 RIM ÝÜZBAŞYSY ISANYŇ ARALYNDAN SAGALTMAK GÜÝJÜNE YNANDYMY? ÝA-DA OL ISA HÖKMAN SYRKAWYŇ ÝANYNDA BOLMALY DIÝIP OÝLADYMY? Isa Özüniň ähli baran ýerlerinde Hudaýyň söýgüsi hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de, Ol syrkawlara ellerini degrip, olary sagaldýardy. Isanyň söýgüsi we Onuň şypa beriji güýji hakynda eşiden adamlar hatda uzak ýerlerden-de gelýärdiler. Isanyň baran ýerinde adamlaryň giden toplumy ýygnanýardy. Käwagtlar Ol zordan hereket edýärdi, çünki Ony adamlaryň toplumy gurşaýardy. Bir gezek rim ýüzbaşysy Isa bilen gürrüň etdi. Ýüzbaşynyň öýünde wepaly hyzmatkäri galypdy. Bu hyzmatkär syrkawdy we ony hiç kim hem sagaldyp bilmeýärdi. Ol özüni şeýle bir erbet duýýardy welin, hatda Isanyň ýanyna gelmäge-de ýagdaýy ýokdy. Şonuň üçin hem Onuň ýanyna hojaýyny gelipdi. Ol Isanyň adamlary sagaldyşy hakynda kän gürrüňler eşiden bolsa gerek. Adatça Isa syrkawyň näme isleýändigini soraýardy we şondan soň oňa elini degirýärdi we syrkaw sagalýardy. Ýüzbaşy Isa: «Meniň öýümde syrkaw hyzmatkärim bar. Ol düşeginde ýatyp, hereket edip bilmeýär. Ol özüni gaty erbet duýýar» diýdi. Isa jogap berip: «Men seniň öýüňe baryp, hyzmatkäriňi sagaldaryn» diýdi. Şeýlelikde, rim ýüzbaşysy wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň kömek edýän bu uly märekäni taşlap, özi bilen gitmegini haýyş edip bilerdi. Belki-de, syrkaw hyzmatkäre kömek edere entek giç bolmaz. Ýa-da Ol Isanyň hatda aralykdan sagaltmaga täsin güýjüniň bardygyna ynanyp bilerdi. Ine, rim ýüzbaşysy Isa näme diýdi: — Meniň özüme geleriň ýaly, men beýle hormata eýe däldirin. Eger hyzmatkärime sagal diýip buýursaň, onda onuň sagaljakdygyny bilýärin. Men bu hakda edil harby serkerde hökmünde diýýärin. Haçan-da men öz esgerlerime öňe diýip buýranymda, olar öňe ýöreýärler. Men Seniň sagaldyjy güýjüňe ynanýaryn. Eger Sen meniň hyzmatkärimiň sagalmagyny buýursaň, ol hökman sagalar. Isa jogap berip: «Seniň ynamyň neneň uly! Bar. Seniň hyzmatkäriň sagaldy!» diýdi. Ýüzbaşy öýüne howlukdy. Dolanyp gelen ýüzbaşy hyzmatkäriniň bireýýäm düşeginden turup, işe girişmäge taýýarlanýandygyny gördi. Hyzmatkär indi syrkaw däldi! Ol Isanyň buýran pursadyndan sagalypdy. Rim ýüzbaşysynyň Özüniň güýjüne şeýle uly ynamynyň bardygy üçin Isa şatdy. Bu adamyň hyzmatkärini sagaldany üçin Ol şatdy. Ýada salalyň Rim ýüzbaşysy Isanyň sagaldyjy güýjüne ynandymy? Bu harby serkerde dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Hyzmatkär bilen näme bolup geçdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Şu gün biz Isany görüp bilmeýäris. Emma biz Onuň güýjüne ynanyp, Onuň kömegine bil baglap bilýändiris. Onuň kömegi kime gerek? Hatda Onuň kömegi dessine gelmeýän hem bolsa, sen Isanyň kömek edip bilmäge ukyplydygyna ynanýaňmy? Dogry saýlaw etmegi öwren Kimdir biri bilen aşakdaky oýny oýna. Goý, beýleki otagdaky ikinji oýunçy seniň buýruklaryňy ýerine ýetirsin. Mysal üçin, oňa şeýle diý: «Bökjekle, öňe ýöre, ýüzüňi gyşart». Onsoň: «Meni gujakla» diýip, buýruk ber we onuň bilen gujaklaşmak üçin ylga. Şondan soň uzakda bolan we Isanyň «gujaklamagyna» mätäç bolan biri üçin dileg et. Öz ýanymyzda bolanlara-da, özümizden uzakda bolanlara-da Isanyň kömek edip bilýändigine biz ynanyp bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, biziň maşgalamyzy her dürli belalardan we kesellerden gora. Biziň söýýänlerimiz bilen, öz ýanymyzdakylar we özümizden uzakdakylar bilen hem bile bol. Isanyň ady bilen. Omyn. Kömek eli Mattanyň Hoş Habary 12:9–14 ISA MÄHIRLI BOLUP, ADAMLARA KÖMEK ETMEK KARARYNY KABUL ETDIMI? ÝA-DA OL SÖÝGI WE ALADA HAKDA HIÇ ZAT ÝAZYLMADYK KANUNYŇ HARPLARYNA EÝERDIMI? Isa Hudaýyň ähli parzlaryny bilýärdi we Ol olary ýerine ýetirýärdi, çünki Özüniň Göklerdäki Atasy bolan Hudaýy söýýärdi. Emma adamlar başga kanunlary oýlap tapypdylar. Ol kanunlaryň käbirleri oňat we adalatly däldi. Köplenç ol kanunlar halky aldamak üçin ulanylýardy. Bir gezek Isa Öz şägirtleri bilen Hudaýa sežde etmek üçin sinagoga geldi. Sabat güni dynç alyş günüdi. Adamlar Hudaýa alkyş aýdyp, sylaglary üçin Oňa minnetdarlyk bildirýärdiler. Isa we Onuň şägirtleri hem Hudaýy alkyşladylar. Sinagogada Isa eli guran adamy gördi. Ol adam bu eli bilen hiç zat edip bilmeýärdi. Ol hat ýazyp bilmeýärdi, işläp bilmeýärdi, hatda özi geýnip hem bilmeýärdi. Bu maýyp adamy Isanyň sagaldasy geldi. Emma adamlaryň oýlap tapan kanuny Onuň bu işi ýerine ýetirmegine rugsat bermeýärdi. Adama kömek etmeklik iş etmeklige deňeşdirilýärdi, sabat güni bolsa hiç kim hem işlemeli däldi. Isa wajyp saýlaw etmelidi. Atasy bolan Hudaýa ýaranmaklygyň mähirli bolup, adamlara kömek etmeklikdigini Isa bilýärdi. Şonuň üçin hem Ol bu maýyp adamy sagaltmak isledi. Ol muny şu ýerde, adamlaryň Hudaýa sežde edýän sinagogasynda etmek isledi. Emma şeýle etse, onda kanunçylar Onuň hereketine üns berip, Ony goldamazdylar. Isa başga saýlaw hem edip bilerdi. Ol biraz garaşyp, bu adama başga bir gün kömek edip bilerdi. Emma eger Ol garaşmagy çözen bolsady, onda bu adam ol ýerden giderdi. Isa näme etdikä? Ol Özüni saklajak bolýan kanunçylara tarap öwrüldi-de, olara şeýle diýdi: — Eger siziň goýnuňyz çukura gaçan bolsa, siz näme ederdiňiz? Sabat güni siz ony çukurdan çykarardyňyzmy ýa-da ertesi güne garaşadyňyz? Adam goýundan ençeme esse gymmatdyr ahyryn. Şonuň üçin hem adamlara hatda sabat güni-de kömek etmek has dogrudyr. Şu sözlerden soň Isa maýyp adama: «Elleriňi uzat» diýdi. Maýyp ellerini uzatdy we onuň elleri dessine sagaldy! Isanyň bu adamy sagaldany üçin Hudaý Ondan hoşaldy. Ol Özüniň göklerdäki Atasyny şöhratlamagyň iň oňat usulyny saýlady. Ýada salalyň Hepdäniň haýsy güni Isa sinagoga geldi? Şol ýerde gören maýyp adamy üçin Isa näme etmek isledi? Näme üçin kanunçylar Isanyň bu işi etmegini islemediler? Isa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Hudaýa sežde etmek üçin haýsy gün bellenilýär? Ýygnaga gatnaşmagyň bilen sen Hudaýa bolan söýgiňi görkezýärsiň. Beýleki adamlara kömek etmegiň bilen sen özüňiň Hudaýa bolan söýgiňi görkezip bilermiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Indiki gezek sen maşynly ýygnaga gideniňde, ine, näme edip bilersiň. Adamlar hakda aladaňy görkezip bilýän oňat işleriň meýilnamasyny düz. Belki-de, sen garry adamyň öýüne baryp, oňa kömek etmegi ýa-da syrkaw bolana hat ýazmagy meýilleşdirersiň. Biz adamlara mähirligi we aladany görkezip, ýörite bellenen gün Hudaýy şöhratlandyryp bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, adamlara nädip mähirli bolup, Seniň ýörite bellän günüň nädip olara kömek edip biljekdigimizi bize görkez. Özümiziň Seni nähili söýýändigimizi bilmegiňi isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. «Men ilkinji!» Markusyň Hoş Habary 9:33–37 ISANYŇ ŞÄGIRTLERI BIR-BIRLERINI GOLDADYLARMY? ÝA-DA OLAR ÖZLERINIŇ HAÝSYNYŇ ILKINJIDIGI HAKYNDA JEDEL ETDILERMI? Elmydama diýen ýaly Isanyň şägirtleri Onuň bilen bile boldular. Olar bile iýip-içdiler we bile syýahat etdiler. Olar edil bir uly maşgala ýaly ýaşadylar. Olar Isany diňläp, beýlekilere Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň berdiler. Wagtlarynyň köp bölegini şägirtler edil oňat dostlar ýaly bir-birleri hakda alada edip geçirdiler. Emma käwagtlar edil islendik uly maşgalada bolşy ýaly, olar özlerine Isanyň öwredenleriniň ählisi hakda ýatlaryndan çykarýardylar. Käwagtlar olar bir-birleri bilen paýlaşyp, oňat bolmalydyklary hakynda hem ýatlaryndan çykarýardylar. Käwagtlar bolsa olar söýgi hakda ýatlaryndan çykarýardylar. Bir gezek Isanyň şägirtleri hemmesi bilelikde bir şähere ýola düşdüler. Ýol ugry olar gürleşýärdiler. Belki-de, olar howa hakda gürleşendirler. Belki-de, birnäçe sagat mundan ozal Isadan eşiden gürrüňleri ýatlandyrlar. Birden olaryň biri öz ýoldaşlaryna özüni Isanyň beýlekilerden has güýçli söýýändigini, özüniň iň oňat şägirt — ilkinji şägirtdigi hakynda aýdyp başlady. Şeýle tassyklamalary eşidip, beýleki şägirtler gaty gamgyn boldular. Şeýlelikde, olar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar ýumşaklyk bilen özleriniň her biriniň Isa üçin gymmatdyklaryny aýdyp bilerdiler. Şonda olar jedelden gaça durardylar. Ýa-da olar jedel turzup bilerdiler. Her biri özüniň iň oňat şägirtdigi, Isanyň ähli şägirtleriniň arasynda özüniň iň wajyp şägirtdigini tassyklap bilerdi. Şägirtler näme etdikäler? Olar jedel edip başladylar. Olaryň biri Isanyň ýörite tabşyryklaryny ýerine ýetirýändigi sebäpli, özüniň Isa üçin iň wajypdygyny aýtdy. Beýlekisi bolsa özüniň Isa bilen hemmelerden öň ilkinji bolup tanyşandygyny sebäpli, ilkinji hasaplanmalydygyny aýtdy. Kimdir biri özüniň hemmelerden uludygy sebäpli, özüniň ilkinji bolmalydygyny tassyklady. Jedelçileriň biri bolsa, öz ejesi bilen Isanyň tanyş bolandygy sebäpli, özüniň ilkinji bolmalydygyny aýtdy. Olar ýol ugry jedelleşmeklerini, sögüşmeklerini we bir-birini ýamanlamaklaryny bes etmediler. Ahyrsoňy Isa olaryň näme hakda jedelleşýändiklerini sorady. On iki şägirtleriň hiç biri-de Oňa jogap bermedi. Özleriniň näme hakda jedel edendiklerini Isanyň biljekdigi olary gorkuzdy. Emma Isa barybir bilýärdi! Öz şägirtlerine Ol şeýle diýdi: — Her biriňiziň Meniň alnymda wajyp bolup görünmek isleýändikleriňiz Maňa mälimdir. Emma siz dogrudanam muny isleýän bolsaňyz, onda hemmelere we her bir kişä kömek etmelisiňiz. Isa eline kiçijik çagany alyp, sözüniň dowam etdirdi: — Aýratynam çagalara mähirli boluň. Çaga ýagşylyk etmek, Maňa ýagşylyk etmek bilen deňdir. Meniň üçin edýäniňizi bolsa, siz Meniň Göklerdäki Atam üçin edýänsiňiz. Şägirtler gamgyn boldular, çünki olar öz aralarynda jedeliň bolmazlygyny Isanyň isleýändigini bilýärdiler. Her birinden ulumsyramaklygyň deregine, öz ýanyndaka kömek etmegini Isanyň isleýändigini olar bilýärdiler. Olar bir-birlerine goldaw berip, hatda kiçijik çagalara-da kömek etmelidiler. Isa öz şägirtleriniň bir-birleri hakynda alada etmeklerini isleýärdi. Emma olaryň öz aralarynda kimiň ilkinjidigi hakynda jedel edendikleri üçin, Ol olary söýmegini bes etmedi. Hudaýyň Ogly bolan Isa olary bagyşlady we olaryň nädip Özi üçin oňat kömekçileri bolup biljekdiklerini görkezdi. Ýada salalyň Şägirtler näme hakda jedel etdiler? Olar dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Isanyň pikiri boýunça, olaryň haýsysy Onuň üçin aýratyn wajyp? Öz saýlawyň hakynda oýlan Sen Isanyň dosty bolup bilermiň? Adamlaryň haýsysyna sen kömek edýärsiň? Belki-de, seniň maşgalaňda hemmeler kimdir birine kömek edýändir. Edil şeýdip, siz hem bir-biriňize kömek edip bilýänsiňiz! Dogry saýlaw etmegi öwren Suratlaryňy asyp goýýan diwaryňa: «Men Isanyň dosty. Men _______________ etmek arkaly adamlara kömek edip bilerin» sözlerden ybarat bolan ýazgyny ýelme. Eger şu sözler ýazylan kagyzyňda boş ýer galsa, onda beýleki adamlara nädip kömek etjekdigiň hakynda ýaz ýa-da bu barada surat çek. Adamlaryň öňlerinde özüňi ulumsyradanyňdan, olara kömek edeniň gowudyr. Dileg edeliň Hudaý, käwagtlar adamlaryň alnynda özümizi ulumsyradýandygymyz üçin bizi bagyşla. Sen biziň barymyzy deň söýýärsiň we biziň bir-birimize kömek etmegimizi isleýärsiň! Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Omyn. Isa çagalary söýýär Mattanyň Hoş Habary 19:13–15 ISANYŇ ŞÄGIRTLERI ÖZ MUGALLYMYNYŇ ÝANYNA ÇAGALARYŇ GELMEGINE RUGSAT BERDILERMI? ÝA-DA OLAR ÇAGALARY ONUŇ ÝANYNA GOÝBERMEDILERMI? Bir gezek baharyň täsin günleriniň birinde bir adam şähere täsin habary getirdi. Isa olaryň şäherine gelýär! Ol hut şu gün şu ýerde bolar! Bu şäheriň ähli atalary üçin dessine iş tapylan bolsa gerek. Belki-de, olar köçedäki daşlary we şahalary aýyrmaga girişendirler. Belki-de, olar Isa dynç alar ýaly, Onuň üçin ýer taýýarlamaga başlandyrlar. Onsoň erkekler Onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan bolsalar gerek. Bu şäherdäki ähli eneler hem özleri üçin iş tapan bolsalar gerek. Belki-de, olar azykly horjunlary taýýarlap başlandyrlar. Belki-de, olar öz çagalaryny suwa düşürendirler. Soň aýallar özleriniň iň owadan geýimlerini geýendirler. Olaryň her biri Isany görmäge sabyr edip bilenokdy. Ahyrsoňy kimdir biri gygyryp: «Isa şäher diwarlaryna ýakynlaşýar» diýdi. Hemmeler köçä çykyp, ýola seredip durdular. Isa garaşyp, atalar we eneler öz aralarynda gürleşen bolsalar gerek. Eger öz çagalaryny Isa eline alyp, hatda iň kiçisine-de pata berse, neneň täsin bolardy diýip, olar öz aralarynda gürleşendirler. Isa Özüniň hemmeleri söýýändigi hakynda hemişe aýdardy. Elbetde, çagalary-da söýýändir. Isa şähere girdi we Özi üçin taýýarlanan ýerde otyrdy. Şol ýerde Ol bütin günläp şäheriň ýaşaýjylary bilen gürrüňdeş boldy. Adamlar Ony üns bilen diňleýärdiler. Hatda çagalar hem özlerine şu gün aýratyn Adamyň gelendigine düşünen ýalydylar. Özlerine Isanyň üns berýändigi olar üçin gaty gyzyklydy. Haçan-da günortanlyk nahary wagty gelende, aýallar azyklary çykardylar. Hemmeler otuň üstünde naharlanmaga başladylar. Şägirtleri Isa ýakyn oturyp, öz aralarynda ýuwaş ses bilen gürleşýärdiler. Olar Mugallymyň rahatlygyny bozmak islemeýärdiler. Birden birnäçe ata-eneler ellerindäki çagalary bilen Isa tarap ugradylar. Emma şägirtler olary gördüler. Olar çagalaryň Isanyň aladalandyrmagyny islemeýärdiler. Çagalar Onuň ünsüne mynasyp däl diýip, olar çözen bolsalar gerek. Şeýlelikde, Isanyň şägirtleri wajyp saýlaw etmelidiler. Olar ata-eneleriň öz çagalaryny Isanyň ýanyna getirmeklerine rugsat berip bilerdiler. Ýa-da olar ataeneleri çagalary bilen ol ýerden kowup, bolan waka hakda Isa aýtman bilerdiler. Ine, şägirtler näme etdiler. Olar Mugallymyň ünsüni çagalaryň bölmegine rugsat bermejekdiklerini ata-enelere aýtdylar. Isanyň çagalar üçin wagty ýok. Ol gaty işli we olary görmek islemeýär. Ine, olar näme diýdiler. Ata-eneler gaty gamgyn boldular. Ýogsa Isa çagalary söýmeýärmi? Emma Isa öz şägirtleriniň sözlerini eşidip: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň. Olar Meniň Patyşalygymda iň wajyp adamlar» diýdi. Çagalar Isa ýakynlaşdylar. Iň kiçileri Ol dyzynda oturtdy. Ol olara gyzykly gürrüňler aýdyp berdi. Onsoň Isa ähli çagalara pata berdi we hatda iň kiçisi üçin hem dileg etdi. Ähli çagalar gaty şatdylar! Ähli ata-enelerem begenýärdiler. Hut ýerde şägirtler öz ýalňyşlyklaryna düşündiler. Isa çagalara üns bermez ýaly, hiç haçan hem şunuň ýaly işli bolýan däldir. Isa çagalary söýýär we olar hem Ony söýýärler. Ýada salalyň Näme üçin her bir maşgalada Isa garaşýardylar? Şägirtler ata-enelere näme diýdiler? Şägirtler dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Isa çagalary görüp, näme diýdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Haçan hem bolsa bir wagt sen bir adam bilen edil onuň öz ünsüňe mynasyp bolmaýşy ýaly gatnaşyk etdiňmi? Belki-de, sen kiçi doganyňa, uýaňa ýa-da dostuňa gulak asan dälsiň? Isa üçin hemme adamlar hem gymmatdyrlar, şonuň üçin saňa-da her bir adam gymmat bolmalydyr. Dogry saýlaw etmegi öwren Özüňiň dostlaryňa Mukaddes Kitapdan taryhlar ýazylan şu kitaby görkez. Şeýdip, sen olary Isa getirip bilersiň. Biz öz dostlarymyzy gymmat tutmalydyrys, çünki olar Isa üçin gymmatdyrlar. Dileg edeliň Isa, özümi söýýändigiň üçin we ähli çagalaryň Saňa gymmatdyklary üçin men şat. Olary meniň hem gymmat tutýandygymy olara düşündirip bilmegime kömek et. Seniň adyň bilen. Omyn. Kim kömek eder? Lukanyň Hoş Habary 10:25–37 SAMARIÝALY ADAM EJIR ÇEKENE KÖMEK ETDIMI? DA OL ONUŇ GAPDALYNDAN GEÇDIMI? — Meniň ýakynym kim? — diýip, bir adam Isadan sorady. Bu soragy beren adam Isanyň jogabyny eşitmegi gaty isleýärdi, çünki Hudaýyň kanunlarynda: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň bilen söý. Goňşyňy-de özüň ýaly söý» diýlendir. Bu soraga jogap edip, Isa bir taryhy gürrüň berdi: «Bir adam adamsyz ýol boýunça Iýerusalimden Eriha barýardy. Özüne garakçylaryň duşup biljekdigini ol bilmeýärdi. Olar duýdansyz onuň üstüne çözýarlar! Olar edil ýerden çykan ýalydylar. Garakçylar ýolagçyny ýenjip, onuň pullaryny alýarlar. Onsoň urlup-ýenjilen we zady ogurlanan bu adamy ýoluň gyrasyna taşlap gidýärler. Tiz wagt içinde şol ýol boýunça bir adam barýardy, ol adam ybadathananyň ruhanysydy. Ol ejir çekeni görüp, hatda oňa kömek etmek üçin saklanmandy, çünki bu betbagty tanamaýardy. Belki-de, ruhany gaty howlugýandyr ýa-da ejir çeken hakda ýöne alada edesi gelen däldir. Şondan soň bu ýolda başga bir adam peýda boldy. Ol ybadathananyň ruhanysynyň kömekçisidi. Ol hem özüniň tanyş bolmadyk ýenjilen we zady ogurlanan adamyny gördi we oňa kömek etmek üçin ol hem saklanmady. Belki-de, ol gaty işli adam bolandyr. Belki-de, ol hapa bolaryn diýip gorkandyr. Tizara şol ýol boýunça ýene bir adam barýardy. Ol Samariýa tarapdan barýardy we ol hem ýenjilip ýatany gördi. Bu ýolagçy betbagtyň kimdigini bilmeýärdi, emma oňa kömegiň gerekdigini bilýärdi. Şeýlelikde, samariýaly wajyp saýlaw etmelidi. Ol saklanyp, garakçylaryň elinden ejir çekene kömek edip bilerdi. Ýa-da ol hem beýleki ýolagçylar ýaly, öz ýoluna rowana bolup bilerdi. Ine, samariýaly nähili hereket etdi. Ol öz eşegini saklady we howlukmaçlyk bilen ýenjileniň ýanyna bardy. Ol onuň ýaralaryny ýuwdy we geýimlerinden ýyrtyp alan matalary bilen olary daňdy. Onsoň ol güýçden gaçan adamy göterip, seresaplyk bilen eşege mündürdi we ony şähere tarap äkitdi. Ahyrsoňy olar syýahatçylaryň adatça saklanýan ýeri bolan myhmanhana ýetdiler. Şol ýerde samariýaly bütin gije betbagtyň ýanynda bolup, oňa seretdi. Daň bilen bu oňat samariýaly adam ýoluny dowam etdirip bilýärdi. Ol myhmanhananyň hojaýynyna pul berip, özüniň getiren adamy hakynda alada etmegini haýyş etdi. Soňundanam samariýaly: „Eger sen onuň üçin meniň galdyran pullarymda kän harçlasaň, dolanyp gelenimde, saňa tölärin“ diýdi. Şu sözler bilen ol ýoluna rowana boldy». Isanyň gürrüň beren taryhynyň soňy şeýledi. Onsoň Isa: «Garakçylar tarapyndan ýenjilen adam üçin üç ýolagçynyň haýsysy onuň ýakyny boldy?» diýip sorady. Isanyň taryhyny diňläp oturan adam bireýýäm jogaby bilýärdi. — Saklanyp, özüne kömek eden samariýaly onuň ýakyny bolýar, — diýip, ol jogap berdi. — Sen mamla, — diýip, Isa onuň bilen ylalaşdy. — Indi bolsa, bar we özüň hem şeýle et. Ýada salalyň Hudaýyň parzlarynda ýakynyňa bolan söýgi hakynda näme diýlen? Isanyň gürrüň beren taryhynda ýakynyň kömegine kim mätäç boldy? Samariýadan bolan ýolagçy ejir çekýäne nädip kömek etdi? Samariýaly dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Biziň ýakynlarymyzyň kabirleri — bu özümize tanyş adamlarymyzdyr. Nädip biz olara kömek edip bileris? Biziň ýakynlarymyzyň beýlekileri — özümiziň tanamaýan adamlarymyz. Haçan-da nätanyş adama kömek gerek bolanynda, biz näme etmeli? Dogry saýlaw etmegi öwren Ýakynyňda ýaşan adamlara gerek wagtynda kömek edip bileriň ýaly, olaryň telefon nomerlerini ýazyp al. Şu wagt bolsa oýunjak telefon boýunça jaň etmegi öwren. Öz ýakynymyza nädip mähirli bolmalydygymyza Hudaý kömek edip biler. Dileg edeliň Hudaý, ýakynymyz bolan oňat we rehimdar adamlar üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle-de, özümiziň hem nädip olar ýaly oňat bolup bilýändigimizi görkezýändigiň üçin minnetdardyrys. Isanyň ady bilen. Omyn. Öýden daşda Lukanyň Hoş Habary 15:11–24 AZAŞAN OGUL ÖZÜNIŇ NÄDOGRYDYGYNA DÜŞÜNDIMI WE OL KAKASYNYŇ ÖÝÜNE DOLANYP GELDIMI? ÝA-DA OL ÖZI ÜÇIN ÝAT ÝURTDA GALMAK GOWY DIÝEN KARARY KABUL ETDIMI? Adamlar Isanyň tarynlary gürrüň berşini diňlemegi halaýardylar. Olar ol taryhlara düşünýärdiler, çünki Onuň gürrüň berýän taryhlarynda olaryň özleri ýaly adamlar hakda aýdylýardy. Bir gezek Isa iki ogly bolan bir ata hakynda taryhy gürrüň berdi. Uly ogly kakasyna hojalygy ýöretmäge kömekleşýärdi. Kiçi ogly bolsa dünýäni aýlanmak isläpdi. Şeýdip, kiçi ogul özüne miras galjak pullary kakasynyň bermegini sorady. Ol öz paýyny dessine almak isleýärdi. Näme, kakasynyň mirasyndan haçan peýdalanjakdygyny çözmeklik ogluň öz hakydy. Şonuň üçin hem kakasy oglunyň talabyny ýerine ýetirdi we olar hoşlaşdylar. Özüniň gelen daş ýurdunda ýigit köplenç nädogry hereket edýär we tizara bar baýlygyny sowýar. Kakasynyň mirasyndan hiç zat galmaýar, hatda çörek satyn alara-da puly galmaýar. Açlykdan ölmezi ýaly, bu ogul bir adamyň günlükçisi bolmaga razylaşyp, bu hojaýynyň doňuzlaryny bakýar. Ol şeýle bir açdy welin, hatda doňuzlar üçin taýýarlanan iýmden iýýärdi! Şonda ol oýlanyp: «Meniň kakamyň hatda hyzmatkärleri-de doýup iýýärler. Men bolsa açlykdan ölýärin» diýdi. Şeýlelikde, kiçi ogul wajyp saýlaw etmelidi. Ol öýüne dolanyp gelip, kakasyndan ötünç sorap bilerdi we hatda bir döwüm çörek üçin hem kakasynyň öýünde işlemäge taýyndygyny aýdyp bilerdi. Ýa-da ol doňuzlaryň ýanynda galyp, özüniň hiç bir ýaman iş etmändigi hakynda pikirlenip bilerdi. Şonda ol özüniň öýüne dolanmaklyk pikirleri bilen ömürlik hoşlaşmaly bolardy. Ýigit näme etdikä? Ol doňuzlaryň ýatagyndan çaltlyk bilen ylgap çykdy. Azaşan ogul kakasyna tarap howlukdy. Ogly gideli bäri kakasy oňa garaşýardy. Ine, ahyrsoňy ol öz öýüne tarap gelýän ýolda kiçi ogluny gördi. Ýoluň tozanlaryna batan onuň geýimlerini gördi. Kakasy gaharlandymy? Gazap donuny geýdimi? Ýok! Ol diňe özüniň kiçi ogluny nähili söýýändigi hakynda oýlandy we onuň dolanyp geleni üçin gaty şatlandy. Kakasy ogluny garşylamaga ylgady we ony gujaklady. Ýigit sözüni bölmän, özüniň kakasynyň alnynda günäkärdigi hakynda aýdýardy. Ahyrynda ol: «Men seniň ogluň diýilmäge mynasyp däldirin» diýip gygyrdy. Kakasynyň näme edendigini bilýärsiňizmi? Ol öýünden tapylan iň oňat geýimleri getirip, ogluna geýdirdi. Ol hyzmatkärlerine baýramçylyk naharyny taýýarlamaklaryny buýurdy. Onsoň özüniň birwagtlar ýiten oglunyň dolanyp gelendigini görerleri ýaly, goňşularyny-da çagyrdy. Isa adamlara kömek etmek maksady bilen bu taryhy gürrüň berdi. Bu taryhdaky atanyň özüniň kiçi ogluny söýşi ýaly, Hudaýyň hem her bir adamy şeýle söýýändigini bilmegini Isa isleýärdi. Isa bu taryhy edil kiçi ogul kimin erbet işler eden adamlara gürrüň berdi. Eger olar eden ýaman işlerine ökünseler, onda bagyşlama alarlar. Olar Hudaýyň maşgalasyna dolanyp bilerler. Hudaý hem olary hökman kabul eder. Ýada salalyň Näme üçin kiçi ogul doňuzlaryň iýmlerinden iýip başlady? Haçan-da ol öýüne dolanmaklygy çözende, dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Kakasy özüniň azaşan ogluny nähili garşy aldy? Şu taryhdaky ata kime meňzeş? Öz saýlawyň hakynda oýlan Öz günäňi boýun almagyňyň kyn bolan wagtlary bolýarmy? Seniň ýakyn adamlaryň bir-birlerini bagyşlaýandyklaryny nädip bildirýärler? Siz bir-biriňizi gujaklap ýa-da bilelikde dileg edip bilersiňizmi? Dogry saýlaw etmegi öwren Kimdir biri bilen gizlenpeçek oýnuny oýna. Her gezek sen gizlenen adamy tapanyňda, ony gujaklap, «öýe» alyp bar. Biz öz ýalňyşlyklarymyz hakynda Hudaýa gürrüň berip bilýändiris we Ol bizi öňküsi ýaly söýmegini dowam etdirer. Dileg edeliň Hudaý, her gezek nädogry hereket edenimizde, ötünç sorap bilmegimize kömek et. Hemişe-de biziň söýgüli Atamyz bolup galýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Hemme ýerden gözlemek Mattanyň Hoş Habary 18:12-14. Lukanyň Hoş Habary 15:3-7. Ýahýanyň Hoş Habary 10:11 ÇOPAN ÖZÜNIŇ ÝITEN GOÝNUNY TAPÝANÇA GÖZLEDIMI? ÝA-DA OL ONY TAŞLAP GITDIMI? Isa ýene bir taryhy gürrüň berdi. Bu gezek Onuň taryhy kän goýny bolan bir çopan hakyndady. Ýigrimiden hem kän goýny bardy. Hatda elliden-de kän. Onuň ýüz goýny bardy! Her gün daňdan çopan goýunlaryny öri meýdanyna goýberýärdi. Şol ýerde olar ot iýýärdiler, arassa suwdan içýärdiler, günde gezmeläp, kölegede dynç alýardylar. Her agşam goýunlar öýe dolanyp gelýärdiler we çopan hiç bir goýnunyň azaşmandygyna göz ýetirmek üçin olary sanaýardy — togsan ýedi, togsan sekiz, togsan dokuz, ýüz. Bary ýerinde. Çopan derwezeleri ýapýardy we goýunlar bütin gije howpsuzlykda bolýardylar. Bir gezek çopan adatdakysy ýaly goýunlaryny sanady — togsan ýedi, togsan sekiz, togsan dokuz… Bu näme? Ýüzünji goýun nirede? Iň soňky samsyjak goýun nirede? Ýitdi! Belki-de, ol tikenli gyrymsy agaçlaryň arasynda çolaşyp galandyr ýa-da gowakda daşlaryň arasyndan geçip bilmän galandyr. Belki-de, ol ýaralanyp, ýöräp bilýän däldir. Şeýlelikde, çopan wajyp saýlaw etmelidi. Ol gijäniň garaňkysynda goýnuny gözlemäge gidip bilerdi. Ol ony tapýança, agtaryp bilerdi. Ýa-da ol öýünde galyp bilerdi. Ahyrsoňy onuň agylynda togsan dokuz sany goýny bardy. Galyberse-de, ýiten goýuň ýöne öýüne dolanyp gelesi gelen däldir. Çopan näme etdikä? Ol ähli goýunlarynyň agylda howpsuzlykdadyklaryna göz ýetirdi. Onsoň donuny, çopan taýagyny alyp, ýiten ýekeje goýnuny gözlemäge ýola düşdi. Ol ýokary baýra çykdy. Emma goýnuny görmedi. Ol ähli gowaklara seredip çykdy. Emma ol ýerlerde-de tapmady. Ol çeşmäniň boýundan gözledi. Goýun hiç ýerde ýokdy. Ahyrsoňy çopan tikenli gyrymsy agaçlaryň ösýän ýeri bolan meýdanyň o çetine tarap gitdi. Şol ýerden oňa ýuwaşja: «Me-e, me-e» sesleri eşidilýän ýaly boldy. Ol tikenli agaçlaryň arasyndan geçdi we şol ýerde goýnuny tapdy! Oňat çopan ony eline alyp, bagryna basdy. Onsoň ol goýny egnine galdyryp, seresaplyk bilen öýüne äkitdi. Haçan-da çopan öýüne dolanyp gelende, dostlarynyň baryny çagyrdy. Ol olara: «Geliň, meniň bilen şatlanyň! Meniň goýnum ýitipdi we men ony tapdym» diýdi. Agyldaky ähli goýunlar hem ýiten joralarynyň tapylandygyna şatlandylar. Özleriniň her birleri üçin çopanyň alada edýändigi olary şatlandyrdy. Özüni Oňat Çopan diýip atlandyran Isa biziň her birimizi şu taryhdaky çopanyň öz goýunlaryny söýşi ýaly söýýär. Biziň birimiziň ýitmegimizi Isa islemeýär. Ol biziň ählimiziň Özüniň yzyna eýermegimizi isleýär. Oňat Çopan bolan Isa biziň her birimiziň Hudaýyň maşgalasynda howpsuzlykda bolmagymyza kömek edip bilýär. Ýada salalyň Çopanyň näçe goýny bardy? Bir gezek agşam ol olary sanaýarka, näme boldy? Ol dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Goýnuny tapanda, çopan näme duýdy? Kime Oňat Çopan diýýärler? Öz saýlawyň hakynda oýlan Isa — seniň Çopanyň. Nädip sen Onuň yzyna eýermegi, Ony söýmegi we Oňa gulak asyjy bolmagy öwrenip bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Gizlenpeçek oýnuny başgaça-da oýnap bolar. Sen özüňi ýiten goýun taryhyndaky kiçijik guzy hökmünde saýyp, çopanyň tapyp bilmegi üçin ýuwaşja: «Me-e, me-e» diýip bilersiň. Haçan-da Ony söýmegi we Oňa gulak asyjy bolmagy öwrenenimizde, biz özümiziň Oňat Çopanymyz bolan Isanyň yzyna eýerip bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, Oňat Çopanymyz bolan Isa üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Seniň maşgalaňda biz özümizi doly howpsuzlykda duýup bilýändiris. Isanyň ady bilen. Omyn. «Minnetdardyryn Saňa, Isa!» Lukanyň Hoş Habary 17:11–19 ÖZÜNIŇ SAGALDYLANY ÜÇIN ERKEK ADAM ISA MINNETDARLYK BILDIRDIMI? ÝA-DA OL ÖZ DOSTLARY BILEN GAÇYP GITDIMI? Şäherden şähere geçip, Isa Hudaýyň söýgüsi hakda eşitmek isleýän adamlaryň köplügine duş gelýärdi. Isany görmek isleýän adamlaryň käbirleri kesel zerarly ejir çekýärdiler. Olary Isanyň syrkawlary sagaldýandygy hakynda bilýärdiler. Bir gezek Isa heýwere keseli bilen kesellän on sany erkek adama duş geldi. Heýwere keselli adamlaryň sagdyn adamlara ýakynlaşmagyny kanun gadagan edýärdi. Eger heýwere keselli adam sagdyn adama ýakynlaşsa, ol sagdyn adama öz keseli ýokuşdyryp bilerdi. Şonuň üçin hem kanuna laýyklykda, heýwere keseli bilen kesellänler öz maşgalalaryndan daşda ýaşamalydylar. Heýwere keselli on adam ýol boýunça gelýän Isany görüp, Oňa ýakynlaşmaga het etmediler. Olar özleriniň aralykda durmalydyklaryny bilýärdiler. Emma olar özlerini Isanyň sagaltmagyny güýçli isleýärdiler. Şonuň üçin hem olar gaty ses bilen: «Isa, haýyş edýäris, bize kömek et!» diýip gygyrdylar. Bu adamlaryň Özünden nähili kömege garaşýandyklaryny Isa bilýärdi. Ol olara: «Öýüňize gidiň. Siz mundan beýläk keselli dälsiňiz» diýdi. Bagtlylykdan özlerini ýatlaryndan çykaryp, heýwere keselliler ýerlerinden okduryldylar. Nähili şatlyk bilen olar öz maşgalalaryny görerler! Olar ýolda ylgap baryşlaryna, bir-birlerine seredýärdiler. Özleriniň ýaralarynyň ýitendigini olar görýärdiler! Birden on erkekleriň biri saklandy. Dostlary ylgap, ýollaryny dowat etdirýärkäler, ol edil çüýlenen ýaly ýolda durdy. Özi bilen Isanyň eden täsinligi baradaky pikir ony ýere kakylan ýaly edýärdi. Şeýlelikde, saklanan adam wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň ýanyna dolanyp baryp, Oňa minnetdarlyk bildirip bilerdi. Şeýle hereket dogry bolardy. Ýa-da ol beýleki dokuz adam bilen ylgap gidip bilerdi. Eger beýlekiler ylgaýan bolsalar, ýeriňde durmagyň geregi barmy? Onuň hem öýüne çaltrak barmak islegi beýlekileriňkiden pes däldi ahyryn. Ine, bu adam näme etdi. Özüniň öňe bolan her bir ädimini ýalňyş saýýandygyny ol çözdi. Öňe gitmezinden öň, ol yzyna dolanyp, Isa minnetdarlyk bildirmelidir. Şonuň üçin hem heýwereden azat bolan adam yzyna öwrülip, Isanyň duran ýerine tarap ylgady. Ol Onuň alnynda dyzyna çöküp, özüniň sagalany üçin Oňa minnetdarlyk bildirip başlady. Bu adam Hudaýyň şypa beriji güýjüni alkyşlady. Isa ondan: «Heýwere keselliler on däldimi? Men sagaldanlarymyň dokuzysy nirede? Minnetdarlyk aýtmak üçin seniň ýeke özüň dolanyp geldiň» diýdi. Sagalan adam beýlekileriň öýlerine ylgap gidendiklerini bilýärdi, emma hiç hili jogap bermedi. Ol dolanyp gelip, Isa minnetdarlyk bildirendigi üçin şatdy. Isa bu adama ýylgyryp: «ýeriňden tur, öýüňe, öz maşgalaňa dolanmaly wagtyň geldi. Seni sagaltmaga güýjümiň bardygyna sen ynandyň we indi, ine, sen sagdyn» diýdi. Şondan soň bu adam öýüne gitdi. Öýüne gelende, maşgalasy ony görmäge gaty şatdy. Onuň özi hem maşgalasyna dolanyp geleni üçin şatdy. Isa bilen duşuşyk oňa şatlyk sowgat etdi! Ýada salalyň Näçe sany heýwere keselli bardy? Isa nädip olara kömek etdi? Näme üçin sagalanlaryň biri saklandy? Ol adam dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakynda oýlan Haçanda adamlar saňa kömek edenlerinde, sen olara näme diýýärsiň? Hudaý saňa nähili kömek edýär? Şeýle ýagdaýlarda sen nähili minnetdarlyk sözlerini aýdýarsyň? Dogry saýlaw etmegi öwren Hudaý bize kän sowgat etdi. Biziň dostlarymyz, garyndaşlarymyz, iýmitimiz, geýinmäge eşigimiz, öý haýwanlarymyz we ş. m. bar. Harplygyň her bir harpyna başlanýan Hudaýyň sowgatlarynyň adyny tutup bilermiň? Bu hakda oýlan. Sen her gün dilegleriňde bu sowgatlaryň biri üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyp bilersiň. Hudaýa minnetdarlyk bildirmek kararyny kabul eden her bir adam bagtly bolýandyr. Dileg edeliň Hudaý, kesel bolan günlerimizde-de, özümizi oňat duýan günlerimizde-de Seniň öz ýanymyzda bolýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Ähli iberýän zatlaryň üçin Saňa minnetdar bolmaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Guşlary görmek Markusyň Hoş Habary 10:46–52 BARTIMAÝ ÖZÜNE ISANYŇ KÖMEK EDIP BILJEKDIGINE YNANDYMY? ÝA-DA OL ONUŇ BILEN GÜRLEŞMÄGE-DE SYNANYŞMADYMY? Bartimaý öýde oturmagy halamaýardy. Haçan-da ol köçä çykanda, öz bedeninde şemal öwsýändigini duýýardy. Ol guşlaryň seslerini eşidýärdi. Ýaňyja bişirilen çöregiň ysyny duýýardy. Emma Bartimaý hiç zat görmeýärdi, görüp hem biljek däldi, çünki ol dogabitdi kördi. Bütin gün ol ýoluň gyrasynda oturyp, sadaka dileýärdi. Gapdalyndan geçýän her bir adama ol elini uzadyp, teňňe soraýardy. Bartimaý üçin bu çöregini gazanmagyň ýeke-täk mümkinçiligidi. Käbir ýolagçylar az berýärdiler. Beýlekileri bolsa köpräk. Käbirleri bolsa hiç zat hem bermeýärdiler. Bir gezek Bartimaý täsin habary eşitdi. Ol Isa hakda eşitdi. Isanyň ähli adamlary, hatda dogabitdi körleri hem sagaldýandygyny oňa aýtdylar. Bartimaý haýran galan bolsa gerek. Isa diýýänleri kimkä? Özüniň gözlerini Ol açyp bilermikä? Bir gezek Bartimaý adatdakysy ýaly ýoluň gyrasynda otyrdy. Emma bu gün onuň üçin bary adaty däl ýalydy. Ol çetde ýygnanan adamlaryň seslerine gulak goýdy. Olar Isa hakda gürrüň edýärdiler. Şugün Ol bu ýoldan geçip gitmeli! Ine, birdenem şowhun sesleri eşidildi. Isa göni Bartimaýyň oturan ýerine tarap gelýärdi! Şeýlelikde, Bartimaý wajyp saýlaw etmelidi. Ol özüni Isa eşider diýip, sesiniň baryndan gygyryp bilerdi. Özüne Isanyň kömek etjekdigine, hatda sagaltjakdygyna ynanyp bilerdi. Ýa-da Bartimaý öňküsi ýaly ýoluň gyrasynda oturyp, sadaka dilemegini dowam etdirip bilerdi. Şol gün adam gaty kändi we ol kän pul ýygnap bilerdi. Galyberse-de, ol özüni Isanyň dogrudanam sagaldyp biljekdigini anyk bilmeýärdi. Bartimaý näme etdikä? Ol sesiniň baryndan gygyrdy: — Isa! Maňa rehim et! Emma köri şowhunly märeke gurşapdy we hiç kim ony öňe goýbermek islemeýärdi. Tersine, ýanynda duran adamlar onuň sesini peseltmegi talap etdiler. Ýöne Bartimaý sesini kesmek islemedi we ýene bir gezek gyryrdy: — Isa, maňa rehim et! Isa saklandy we Öz ýanyna gygyran adama getirmeklerini buýurdy. — Bar, — diýip, kimdir biri Bartimaýa aýtdy. — Isa seni görmek isleýär. Nähili bagt! Kör ýerinden turup, märekäniň arasy bilen öňe ýöredi. Ol özüniň aň ýetirip bilerinden hem öň Isanyň alnynda boldy. Isa Bartimaýdan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. — Gözümiň açylmagyny. Isa ýylgyrdy. — Özüňi sagaldyp biljekdigime ynandyň. Şonuň üçin hem seniň gözleriňi açýaryn. Bartimaý haýallyk bilen gözlerini açdy. Hawa, ol görýär! Bartimaýyň ilkinji göreni — Isanyň ýylgyrşy bolsa gerek! Onsoň ol guşlary, asmandaky bulutlary, ýoly gördi. Ol märekäniň her bir adamyna göz aýlady. Bartimaý Isanyň yzyna eýerdi. Ol özüniň Ony çagyrandygy üçin şeýle bir şatdy. Indi ol nirä gidýändigini görýär! Özüniň sagaldyjy güýjüne Bartimaýyň ynandygy üçin, Isanyň Özi hem şatdy. Ýada salalyň Bartimaý Isadan näme soramak isledi? Bartimaý dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Isa Bartimaýa kömek etdimi? Bu sagalma kime şatlyk getirdi? Öz saýlawyň hakynda oýlan Sen Isadan özüň ýa-da öz dostuň üçin näme soramak isleýäň? Isa hemişe adamlara kömek edýär, emma dürli usullar bilen. Ol muny nädip edýär? Eşitmeýän ýa-da görmeýän, düşeginden turup bilmeýän adamlar üçin sen näme edip bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Sagadyň jaňyny şeýle edip goý, ol günde birnäçe gezek jaň kaksyn. Her gezek jaň sesini eşideniňde, özüňiň görüp (ýa-da eşidip, ýa-da ýöräp) bilýändigiň üçin Hudaýa minnetdarlyk aýt. Öz saglygymyz hakynda alada edip bilmegimize Hudaýyň kömek etjekdigine biz bil baglap bilýändiris. Dileg edeliň Hudaý, görüp, eşidip bilýändigimiz üçin, şeýle-de, özümize beren ähli zatlaryň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Öz saglygymyz hakynda alada etmek kararyny kabul edip bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. «Meniň ýanymda otur!» Lukanyň Hoş Habary 10:38–42 MERÝEM ISANY DIŇLEDIMI? DA OL ÖZ IŞI BILEN MEŞGUL BOLDUMY? Uly bolmadyk Beýtaniýa şäherinde ähli aýallaryň her biri öz işleri bilen meşguldylar: käbirleri guýudan suw daşaýardylar, beýlekileri çörek bişirmek üçin däne öweýärdiler, üçünjileri bolsa kir ýuwýardylar. Bir kiçijik öýde ýaşaýan iki aýal dogan hem öz işleri bilen meşguldylar. Emma Merýem bilen Marta özleriniň umumy dostlary bolan Isanyň gelerine taýýarlanyp, kir ýuwýardylar we çörek bişirip, öýi tertibe getirýärdiler. Tizara öýüň içi arassa boldy we otda günortanlyk nahary taýýarlanýardy. Ine-de, Isa Merýem bilen Martanyňka geldi. Olar Onuň ýakyn dostlarydy, çünki Ol olaryň öýlerinde bolmagy halaýardy. Isa oturyp, Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüňe başlady. Marta şol wagt özüniň etmeli işleri hakynda oýa batdy. Ilki bilen ol nahary bişirip gutarmalydy. Onsoň nahary myhmanlara hödürläp, çaý demlemelidi. Isa ýoldan gelensoň, suwsan bolsa gerek. Ýok, onuň ýeke özi ýetişip bilmez, oňa Merýemiň kömegi gerek bolar. Merýem bolsa wajyp saýlaw etmelidi. Ol oturyp, Isanyň Hudaýyň söýgüsi hakda berýän gürrüňlerini diňläp bilerdi. Ol gaty oňat Mugallym we Merýem ony diňlemegi halaýardy. Ýa-da ol uýasy bilen öý işlerine gatnaşyp bilerdi. Isa bolsa tä onuň boşaryna çenli garaşmaly bolar. Merýem näme etdikä? Ol Isanyň her bir sözüni eşitmek maksady bilen Oňa has ýakyn oturdy. Isa şeýle diňleýjisine üns berip, hoşallyk bilen ýylgyrdy. Emma Martanyň gülmäge wagty ýokdy. Ol Isa: «Entek edilmeli iş gaty kän. Merýemiň maňa kömek etmelidigini aýt» diýdi. Isa oňa jogap berip: «Marta, Marta, gamgyn bolma. Merýem Hudaýyň söýgüsi hakda eşitmek isleýär. Bu iň wajyp zatdyr» diýdi. Uýalaryň ikisine-de gürrüň berer ýaly, Isada şeýle bir kän taryhlar bardy, emma Ol olaryň öýlerinde ýene biraz wagt bolup biljekdi. Ol Martanyň hem Öz ýanynda oturyp, Hudaýyň söýgüsi hakda eşitmegini Isa neneň isleýärdi! Ýada salalyň Marta bilen Merýem nähili işler bilen meşguldylar? Isa olaryň öýüne gelende, näme etdi? Marta Merýemden nähili kömege garaşdy? Merýem dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Sen özüňe ünsli diňleýji diýip bilermiň? Nädip sen has-da ünsli bolup bilersiň? Nädip Hudaýyň söýgüsi hakda bilip bolýandygy hakynda gürrüň ber. (Kimdir biriniň Mukaddes Kitapdan alnan taryhlary okaýşyny diňlemek; Mukaddes Kitap mowzugyndaky filmleri we telegepleşiklerine syn etmek; Isa hakdaky aýdymlaryň sözlerine ünsli bolmak we ş. m.) Dogry saýlaw etmegi öwren Hudaý hakda gürrüň bermegi halaýan adamy tap we onuň özüňe Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň bermegini sora. Belki-de, bu adam seniň ejeň ýa-da kakaň, mamaň, babaň, dostuň, ýygnak çopanyň, Mukaddes Kitap mekdebiniň mugallymy bolup biler. Olary ünsli diňlemäge çalyş! Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň berýänleri üns berip diňlemegimizi Hudaý halaýandyr. Dileg edeliň Hudaý, kimdir biri Sen ýa-da Seniň Ogluň Isa hakda gürrüň bereninde, ony ünsli diňläp bilmegimize kömek et. Omyn. Agaçda Lukanyň Hoş Habary 19:1–10 ZAKKAÝ ISANYŇ ÖŇÜNDE ÖZ ÝALŇYŞLYKLARYNY BOÝUN ALYP, OLAR ÜÇIN ÖKÜNDIMI? ÝA-DA OL NÄDOGRY HEREKET ETMEGINI DOWAM ETDIRDIMI? Uly bolmadyk bir şäherde Zakkaý atly bir baý adam ýaşaýardy. Özüniň baýlagyna seretmezden, ol betbagt adamdy. Ol şäheriň ýaşaýjylaryndan kanunyň talap edeninden artyk salgyt ýygnap, baýlygyny ýalan arkaly ýygnapdy. Artyk pullary ol özüne alýardy. Özlerinden artygy bilen pul ýygnaýandygy adamlara ýaramaýardy, şonuň üçin hem onuň dostlary ýokdy. Ol ýekedi. Bir gezek Zakkaý öz şäherine Isanyň gelendigi hakynda bilýär. Ilki bilen ol bu täzelige üns bermedik bolsa gerek. Onuň saglygy gowudy, gözi oňat görýärdi, şonuň üçin hem ol Isanyň kömegine mätäç däldi. Emma soňy bilen Zakkaý Isanyň her bir adam üçin dost bolmak isleýändigi hakda oýlandy. Belki-de, Zakkaý Isa seretmelidir? Zakkaý Isanyň geçmeli ýoluna çykdy. Şäheriň ähli ýaşaýjylary hem Isanyň garşylamaga çykdylar! Şeýle bir kän adam ýygnanyşypdy welin, Zakkaý hiç zat görüp bilmedi — ol kiçi boýludy. Ol hatda özüni öňe goýbermeklerini-de haýyş edip bilmeýärdi, çünki ony hiç kim söýmeýärdi. Hut şol pursat Zakkaýyň kellesine oňat pikir geldi. Eger ol Isanyň geçip barýan köçesindäki agaja münse bolmazmy? Zakkaý hut şeýle-de etdi. Ol gür ýaprakly şahada berk ornaşdy. Indi ol hemmeleri görýärdi, ony bolsa hiç kim görenokdy! Isa has ýakyn gelýärdi. Zakkaý Onuň ýüzüniň has mähirlidigini gördi. Emma Isa ogrunyň dosty bolmak islärmikä? Isa ýoluny dowam etdirýär we birden… Ol hut Zakkaýyň oturan agajynyň aşagynda saklandy! Ol ýokary seredip, şahalaryň arasyndaky Zakkaýy gördi we oňa: «Aşak düş. Şu gün Men seniň öýüňe bararyn» diýdi. Munuň şeýledigine Zakkaýyň ynanmagy gaty kyndy. Diňe dosty onuň öýüne gelip bilerdi. Diýmek, Isa onuň dosty bolmak isleýär. Emma haram ýol bilen ýygnan baýlygyny ol näme etmeli? Şeýlelikde, Zakkaý wajyp saýlaw etmelidi. Ol agaçdan aşak düşüp, Isany öz öýüne alyp baryp bilerdi. Ol Isa bilen dost bolup bilerdi. Ýa-da Zakkaý Isanyň gidenine çenli garaşyp bilerdi. Şondan soň ol ýekelikde özüniň baý we owadan öýüne dolanyp bilerdi. Zakkaý näme etdikä? Ol çalasynlyk bilen agaçdan düşdi we Isany öz öýüne alyp bardy. Şol ýerde olar gürrüňe başladylar. Isanyň ýanynda oturyp, Zakkaý ýalan arkaly ýygnan baýlygy sebäpli utandy we oturanlara ýüzlenip: «Men öz baýlygymyň ýarysyny garyplara bererin. Salgydy artygy bilen alan adamlaryma bolsa dört esse edip gaýtaryp bererin» diýdi. Isa bilen dostluk Zakkaý üçin özüniň paýlamaga synanyşýan pullarynyň baryndan hem gymmatdy. Zakkaýyň nädogry hereket edendigi üçin onuň ökünendigine Isa şatdy. Ahyrsoňy Zakkaýyň öz ýalňyşlyklaryny düzetmek isländigine Ol şatdy. Isa Zakkaýa: «Men seniň ýaly adamlary tapyp, olara kömek etmek üçin geldim. Indi sen Hudaýyň halas bolan perzendi» diýdi. Ýada salalyň Zakkaý nähili ýol bilen baýapdy? Näme üçin ol agaja çykdy? Isa Zakkaýa näme diýdi? Zakkaý dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz öýüne Isa gelenden soň Zakkaý nädip özgerdi? Öz saýlawyň hakda oýlan Isa seniň dostuň bolmak isleýär? Seniň haýsy ýalňyşlyklaryňy hiç haçan gaýtalamazlygyňa ol saňa kömek eder? Dogry saýlaw etmegi öwren Stoluň aşagynda otur we şol ýerde oturyp, öz aýagyňdan başga hiç zady görmeýändigiňe göz ýetir. Onsoň stuluň üstünde durup, Zakkaýyň agajyň üstünde oturyp seredişi ýaly, daş-töweregiňe seret. Günortanlyk nahary döwründe saçaga bir adam üçin artykmaç çapçanak goý we Isanyň öz ýanyňda oturandygyny göz öňüňe getirip, Onuň bilen gürleş. (Dogrudanam Onuň öz ýanyňdadygyny sen bilýärsiň!) Öz ýalňyşlyklarymyzy dogurlap, olary mundan beýläk hiç haçan hem gaýtalamazlyk hakynda Isadan soramaga biziň hemişe-de mümkinçiligimiz bardyr! Dileg edeliň Hudaý, Isanyň her birimiziň dostumyz bolmak isleýändigini bilmek neneň şatlykly. Men ____________ hakda ökünýärin we indi dogry hereket etmek isleýärin. Isanyň ady bilen. Omyn. Isa üçin sowgat Lukanyň Hoş Habary 7:36–50 AÝAL ÖZÜNDE BARYNYŇ IŇ OŇADYNY ISA SOWGAT ETDIMI? DA OL ONY ÖZI ÜÇIN GALDYRDYMY? Isa adatça Öz dostlary bilen naharlanýardy. Olar gürleşýärdiler, gülüşýärdiler we bilelikde dynç alýardylar. Bir gezek tanymal adamlaryň biri bolan Simun Isany günortanlyk naharyna çagyrdy. Simun öz öýüne kän adam çagyrypdy. Emma bir aýal çagyrylmadyk bolsa gerek. Ol aýal utançsyz hereketlerini edipdi. Hemmeler onuň nähili ýaşaýandygyny bilýärdiler we köpler ony ýigrenýärdi. Emma bu aýal Isanyň Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň edýändigini eşitdi. Özüni Isanyň söýýändigine bu aýal ynamlydy. Şonuň üçin hem ol Oňa täsin sowgat etmegi ýüregine düwdi. Bu sowgat ol aýalyň özünde bar bolan iň oňat sowgady — bir küýze hoşboý ysly ýagdy. Ol Isanyň kän ýol ýöreýändigini we aýakgabynyň aýagyny urýandygyny bilýärdi. Onuň sowgat etjek ýagy Onuň aýaklarynyň ýadawlygyny aýryp bilýärdi. Şeýlelikde, aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol ýagy Isanyň aýaklaryna döküp bilerdi. Bu Isanyň ol hakdaky aladasynyň, Hudaýyň bagyşlanmasy hakdaky şatlykly habaryň nyşany bolardy. Ýa-da hoşboý ysly ýagly küýzäni ol özüne galdyryp bilerdi. Belki-de, özüniň ýakynlaşmagyny Isa isleýän däldir. Belki-de, Ol ony asla söýýän däldir. Aýal näme etdikä? Ilki bilen ol hoşboý ysly ýagy Isanyň aýaklaryna dökdi, onsoň olary özüniň uzyn saçlary bilen süpürdi. Haçan-da hoşboý ysly ýagyň ysy bütin otaga ýaýranda, myhmanlaryň köpüsi töwereklerine seredişdirip, ol aýaly gördüler. Öýüň hojaýyny hem çagyrylmadyk myhmany gördi. Ol aýalyň durmuşy hakda hojaýyn baryny bilýärdi, şonuň üçin hem ol Isa bu aýalyň günäleri hakda aýtdy. Jogap edip, Isa Simuna şeýle diýdi: — Meni öýüňe çagyryp, sen Meniň üçin hiç zat etmediň. Sen Meniň aýaklarymy ýuwmadyň we hatda garşy-da almadyň. Bu aýal bolsa Maňa bolan uly söýgüsini gizlemedi. Onsoň Isa günäli aýala seretdi. Ol hem Onuň gözlerine seretdi. Bu gözlerde aýalyň özüne bolan çäksiz söýgi bardy. Hawa, Isa öz alnynda günäli aýalyň durandygyny, onuň kän ýalňyşlyklar edendigini bilýärdi. Emma şeýle-de Ol bu aýalyň başga adam bolup, öz durmuşyny üýtgetmegi isleýändigini hem bilýärdi. Bu aýal Hudaýyň söýgüsi we bagyşlamasy hakda eşitmek isleýär. Aýal aglady. Emma bu gözýaşlar gaýgy gözlary däl-de, şatlygyň gözýaşlarydy. Özüne Isanyň düşünendigi üçin bu aýal şatdy. Isanyň şeýle güýçli söýýändigi üçin bu aýal bagtlydy. Isa oňa: «Seniň günäleriň bagyşlanýar. Sen Maňa ynandyň we indi sen Hudaýyň halas bolan perzendi bolarsyň. Bar, parahat git» diýdi. Özünde bar bolan iň gymmatbaha zady Isa sowgat edeni üçin aýal neneň şatdy! Onuň günälerini bagyşlany üçin Isanyň Özi hem şatdy. Ýada salalyň Näme üçin aýal Isanyň aýaklaryna hoşboý ysly ýagy dökmek isledi? Ol dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Aýalyň özünde bar bolan iň oňat zadyny sowgat edeninden soň, Isa nähili sözleri aýtdy? Öz saýlawyň hakda oýlan Özüňiň şu wagta çenli sowgat eden sowgatlaryňyň haýsysyny iň täsin diýip hasaplaýaň? Näme üçin ony sowgat edesiň geldi? Sen Isa üçin sowgat edip bilersiň. Başga adamlara sowgat etmek bilen, Isanyň Özüne sowgat edýändigimizi Ol aýdýar! Haçan-da sen Isany söýýändigiňi, eden ähli ýaman işleriň üçin ökünýändigiňi aýdanyňda, Ol bularyň baryny edil sowgat hökmünde kabul edýär. Dogry saýlaw etmegi öwren Kagyza küýzäniň suratyny çek we surata bir-iki damja atyr damdyr. Onsoň öz suratyňy kimdir birine sowgat et. Şonda ol adam seniň Isany neneň güýçli söýýändigiňe düşüner. Adamlara bir zatlary sowgat etmek — özümiziň Isany söýýändigimizi görkezmegiň iň oňat usulydyr. Dileg edeliň Isa, biz Seni söýýäris. Dogry hereketler edip, Saňa bolan söýgümizi görkezip bilmegimize kömek et. Seniň adyň bilen. Omyn. Iýerusalime Mattanyň Hoş Habary 21:1–11, 14–16; Lukanyň Hoş Habary 19:29–40 ISANYŇ ŞÄGIRTLERI ONUŇ ÜÇIN EŞEK GETIRDILERMI? ÝA-DA ÖZ MUGALLYMY ÜÇIN IÝERUSALIME PYÝADA GIRMEK GOWUDYR DIÝIP, OLAR ÇÖZDÜLERMI? Isa Iýerusalimiň ýanyndaky baýyrda durdy. Üç ýylyň içinde Ol bütin ýurdy diýen ýaly aýlanypdy. Onuň baran ýerinde uly märeke üýşýärdi. Adamlar özlerini Hudaýyň söýýändigini eşitmek isleýärdiler. Syrkawlar bolsa özlerini Isanyň sagaltmagyny isleýärdiler. Erbet işler edenler bolsa bagyşlanma almak isleýärdiler. Isanyň sözleri we işleri köplere ýaraýardy. Käbir adamlar hatda Ony öz patyşasy etmek isleýärdi. Ýöne Iýerusalimde köp kanunçylar Isany söýmeýärdiler. Eger Isa patyşa bolsa, onda olar öz orunlaryny ýitirerler diýip gorkýardylar. Şonuň üçin hem olar Ony dürli soraglar bilen tutmak isleýärdiler. Ýöne Isa nähili jogap bermelidigini hemişe-de bilýärdi. Olar Ony kanunlary bozmakda günäkärlemäge synanyşdylar, emma Isa hemişe-de dogry hereket edýärdi. Ahyrsoňy olar Iýerusalime dolanyp, Isa şol ýerde garaşmagy we Oňa garşy bir zatlar oýlap tapmagy makul bildiler. Olar islendik ýol bilen Isadan dynmak isleýärdiler. Isa Öz durmuşynda tizara pajygaýly ýagdaýlaryň boljakdygyny bilýärdi. Şeýle-de Ol Özüniň Iýerusalime gitmelidigini hem bilýärdi. Şonuň üçin hem Ol şäheriň golaýynda saklanyp, Özüniň iki şägirdine: «Men siziň Iýerusalimiň golaýyndaky uly bolmadyk oba baryp, şol ýerden bir eşegi getirmegiňizi isleýärin. Ol eşegiň ýanynda hiç kimiň münmedik taýhar bolar. Ony Meniň ýanyma getiriň. Eger kimdir biri taýharyň näme üçin gerekdigini sizden sorasa, onuň Mugallym üçin gerekdigini aýdyň. Şeýdip, şägirtler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar oba baryp, taýhary gözläp, ony Isanyň aýdyşy ýaly, Onuň ýanyna getirip bilerdiler. Ýa-da olar bu taýhary gözläp, tapmadyk ýaly özlerini alyp baryp bilerdiler. Olar Isanyň Iýerusalime girmegine garşy bolup, Ony saklamaga synanyşyp bilerdiler. Ahyrsoňy, şäherde howpsuz däldi. Şägirtler näme etdiler? Olar oba baryp, kiçijik taýharly eşegi tapdylar. Onuň eýesine olar: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. Onsoň şägirtleri taýhary Isanyň ýanyna getirdiler. Onuň üstünde Mugallymyň oturmagy üçin amatly bolary ýaly, olar geýimlerini taýharyň üstüne atdylar. Taýharyň üstünde beýik baýyrdan aşak düşüp, Isa Iýerusalimiň derwezelerine baryp ýetdi. Adamlar Ony şatlykly ses bilen garşy aldylar: — Hosanna! Isa — biziň Patyşamyz! Olar öz geýimlerini köçä ýazdylar we agaçlaryň şahalaryny ýelpeýärdiler. Halkyň şadyýandygyna Isa şatdy. Ol Özüni ýigrenýän kanunçylary hem gördi. Tizara özleriniň ýüzbeýüz duşuşjakdyklaryny Isa bilýärdi. Emma bu oňatlyk üçindir, çünki Isa bu dünýä hut şunuň üçin gelipdi. Ýada salalyň Isa haýsy şähere bardy? Özüniň iki şägirdinden Ol näme haýyş etdi? Şägirtleri dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Halk Isany nähili garşy aldy? Näme üçin Isa gamgyn boldy? Öz saýlawyň hakda oýlan Sen manysyna düşünmedik ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolduňmy? Dogry hereket edýäňmi ýa-da ýokdugyňy sen nädip bilip bilersiň? (Eger biz Hudaýa ýaransak, bu dogrudyr, mysal üçin, oňat işleri etmek, ynam etmek, ata-eneňe we mugallymlara gulak asmak we ş. m.). Dogry saýlaw etmegi öwren Özüňiň Isanyň şägirtleriniň biridigiňi göz öňüňe getir. Sen gidip, taýhary tapmaly, onuň arkasyna geýimleriňi atmaly, onsoň agaçlaryň şahalaryny ýelpäp, hemmeler bilen Isany garşy almaly. Iýersusalimde käbir adamlar Isany söýmeýärler. Isa bolsa bu şähere girmek isleýär. Şu sebäpli närazylygyňy ýüzüňiň üýtgemegi bilen beýan et. Eger-de biz Hudaýyň özümizden talap edýänine düşünmesek-de, onuň tabşyrygyny ýerine ýetirmelidiris. Dileg edeliň Hudaý, hatda ähli zat özümiz üçin düşnükli bolmasa-da, biz hemişe dogry hereket etmek isleýäris. Özümize kömek etmegiňi Isanyň ady bilen soraýarys. Omyn. Diňe iki teňňe Lukanyň Hoş Habary 21:1–4 GARYP AÝAL ÖZ PULLARYNY HUDAÝYŇ IŞI ÜÇIN BERDIMI? DA OL OLARY ÖZÜNE GALDYRDYMY? Ybadathanada durup, Isa bu ýere gelenler adamlara syn edýärdi. Olaryň arasynda garrylar we ýaşlar bar-dy. Owadan geýimli, barmaklary gymmatbahaly ýüzük-li baý adamlar gelýärdiler. Şeýle-de, köne geýimleri geýnen, hiç biz şaý-sepsiz garyplar hem gelýärdiler. Emma ybadathana gelenleriň bary Hudaýy şöhratlandyrýardylar. Gelen adamlar pul sadakasyny hem berýärdiler, ýagny Hudaýyň işi üçin sadaka berýärdiler. Ybadathanada pul ýygnamak üçin küýze durdy. Şol gün Isa şol küýzäniň golaýynda durdy. Onuň ýanynda şägirtleri hem bardy. Ine-de, olar birnäçe oňat geýnen baý adamlaryň sadaka üçin niýetlenen küýzä ýakynlaşandyklaryny gördüler. Gapjyklaryny açyp, birnäçe teňňe alyp, ony küýzä taşladylar. Ýöne olaryň gapjyklarynda ýene kän pul bardy. Öz teňňelerini taşlamazlaryndan ozal, baý adamlar töwereklerine seredişdirip, özlerine hemmeleriň üns berýän wagtyny saýlan bolsalar gerek. Diňe şondan soň olar küýzä öz teňňelerini taşladylar: bir, iki, üç, dört, bäş, alty, ýedi, sekiz, dokuz, on! Şeýle kän sadakanyň berilýändigini görenleriň bary ýylgyran bolsalar gerek. Baýlar hem ýylgyrýardylar. Olaryň gapjyklarynda ýene kän pul bardy. Şonuň üçin hem şeýle sadaka olar üçin maddy taýdan hiç-de ýük bolmazdy. Onsoň Isa bilen Onuň şägirtleri ybadathana köne eginbaşly bir garyp aýalyň gelendigine üns berdiler. Ol gapjygyny açyp, ondaky pullaryny sanady: bir, iki. Onuň pulunyň bary iki teňňedi. Şeýlelikde, garyp aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň işi üçin sadaka hökmünde iki teňňesini küýzä taşlap bilerdi. Soň bolsa özi hakda Hudaý alada eder diýip, umyt edip bilerdi. Ýa-da ol soňky pullaryny gap-jykda galdyryp, biraz soňrak olary özi üçin ulanyp bilerdi. Ine, bu aýal näme etdi. Ol küýzäniň ýanyna baryp, baýlaryň edişi ýaly, töweregine seredişdirmedi. Ol kimdir biriniň özüne üns bermegine garaşmady-da, çaltlyk bilen teňňelerini küzýä atdy. Emma bir Adam şonda-da oňa seredýärdi. Bu Isady! Ol Öz şägirtlerine bu garyp aýalyň Hudaýa näme sadaka berendigi hakynda aýtdy. Ol bu garyp aýalyň az mukdardaky sadakasynyň baý adamlaryň beren köp sadakalaryndan gymmatdygyny aýtdy. Isanyň näme üçin şeýle diýendigine şägirtler geň galdylar. Baý adamlaryň öz pullarynyň ujypsyzja bölegini sadaka berendiklerini Isa olara düşündirdi. Garyp aýal bolsa Hudaýy şeýle bir söýýär welin, ol özüniň soňky puluny sadaka berdi. Onuň bereni has ulydy. Aýalyň Hudaýyň işi üçin sadaka bermek isländigi Hudaý üçin ýakymly boldy. Elbetde, Hudaý ol aýal hakda alada eder. Ol aýalyň özi-de hoşaldy, çünki onuň pullary Hudaýyň işi üçin ulanylar. Elbetde, aýal özüniň dogry hereket edendigini bilýärdi we bu ony bagtly edýärdi. Ýada salalyň Ybadathanada küýze näme üçin durdy? Näme üçin baýlar oňa öz pullaryny taşlap, ýylgyrýardylar? Haçan-da garyp aýal iki teňňesini sadaka berende, onuň nämesi galdy? Garyp aýal dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Öz pullaryňa sen näme satyn almak islärdiň? Ilki bilen Hudaýyň işi üçin sadaka berjekdigiňe ynamlymyň? Puldan başga nähili sylaglary sen Hudaýa teklip edip bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Nädip özüňiň pul gazanyp biljekdigiň hakda oýlan, mysal üçin, howlyny süpürmek ýa-da öýde bir işleri ýerine ýetirmek. Onsoň ähli gazanan pullaryňyň Hudaýyň işine — ýygnaga, hoş habar işine, haýyr-sahabat işlerine we ş.m. berjekdigiň hakynda karar kabul et. Şeýle edeniňde, sen nähili duýgulary başyňdan geçirýäň? Ähli başaran zatlarymyzy Hudaýa berenimizde, bu Onuň üçin ýakymlydyr. Dileg edeliň Hudaý, kän sylaglary etmäge bize kömek et, çünki biz Senden kän zatlary alýandyrys! Isanyň ady bilen. Omyn. Kim hyzmatkär? Lukanyň Hoş Habary 22:7–13. Ýahýanyň Hoş Habary 13:1–17 ISA ADAMLARA HYZMAT ETDIMI? DA OL OLARYŇ ÖZÜNE HYZMAT ETMEGINI SORADYMY? Bütin hepdeläp Isa ybadathanada we Iýerusalimiň köçelerinde sapak berdi. Adamlar topar-topar bolup, Ony diňlemäge barýardylar. Käbir adamlar hatda öz patyşasy hökmünde Isany saýlamak islediler. Emma häkimiýet başynda oturan adamlaryň köpüşi ony ýigrenýärdiler. Ondan nädip dynmalydygy hakynda olar meýilnama düzýärdiler. Bir gezek Isa şägirtleri bolan Petrus bilen Ýahýanyň Özi üçin otag taýýarlamaklaryny haýyş etdi. Onda Isa öz şägirtleri üçin aýratyn agşamlyk naharyny gurnap, olar bilen aýratyn nahar edinjekdi. Bu agşamlyk nahary olara Musa we Hudaýyň halkynyň Müsürden çykyşyny olara ýatladar. Bu aýratyn nahar başynda hemmeler iýip-içip, bir-birleri bilen gürrüň ederler we Musa hakdaky taryhy ýatlarlar. Agşamara şägirtleriň ählisi otagda ýygnandylar. Ol gaty ýadap, ajygan bolsalar gerek, çünki dessine nahar iýmäge girişdiler. Entek olar iýýärkäler, Isa aýak ýuwulýan legene we arassa ýaglyga seretdi. Mukaddes Kitabyň taryhlarynyň bolup geçen döwürlerinde adamlaryň sandal geýýändiklerini aýtmalydyrys. Şonuň üçin hem tozanly we hapa ýollardan ýörändikleri üçin, olaryň aýaklary hem hapa bolýardy. Aýaklary ýuwmak hyzmatkäriň işidi, emma bu işi asla mugallymlar we häkimler etmeýärdiler. Isa bu hakda bilýärdi. Şeýlelikde, Ol wajyp saýlaw etmelidi. Isa Öz şägirtleriniň aýaklaryny Özi ýuwup, beýleki adamlara nähili hyzmat etmelidiginiň mysalyny görkezip bilerdi. Şägirtleri bolsa Onuň özlerine hyzmat etmegi üçin gelendigine, olaryň hem bir-birlerine hyzmat etmeklerini isleýändigine düşünmelidiler. Ýa-da Isa öýe gelenleriň her biriniň aýaklaryny ýuwmaklygy hyzmatkäre buýrup bilerdi. Adatça hyzmatkärler bu iş bilen meşgullanmalydylar. Şeýle-de, Ol şägirtlerine ýöne adamlara bolan hyzmat we olaryň nähili oňat hyzmatkärler bolmalydyklary hakynda gürrüň berip bilýärdi. Isa näme etdikä? Ol donuny çykaryp, sandalyny çykardy. Onsoň ýuwulýan legeni suwdan dolduryp, uly ýaglygy biline daňdy. Ol her bir şägirdiniň öňünde dyzyna çöküp, aýaklaryny ýuwdy. Isa bir şägirdiniň aýagyny ýuwup bolup, beýlekisiniňkä başlaýardy. Ahyrynda ol Petrusyň ýanyna golaýlanda, ol Mugallyma: «Ýok! Sen beýle hapa işi etmeli dälsiň» diýdi. Bu işiň Isa üçin näme manysynyň bardygy hakynda Petrus oýlanmady. Ahyrsoňy, ol bary-ýogy öz Mugallymynyň şägirdidi. Emma Isa Petrusa jogap berip, şeýle diýdi: — Eger sen Meniň kömekçim bolmak isleseň, onda ilki bilen öz aýaklaryňy Meniň ýuwmagyma rugsat bermelisiň. Şonda Petrus garşy çykmasyny bes etdi. Isa Öz şägirtleriniň ählisiniň aýaklaryny ýuwdy, ýenede donuny geýip, olaryň ýanlarynda oturdy. Soňundanam: «Beýleki adamlara hyzmat etmegiň nämedigini siz hut şu wagt gördüňiz. Men siziň hyzmatkäriňiziň işini etdim. Men size borçludygym üçin däl-de, sizi söýýändigim, size hyzmat etmek isleýändigimi üçin şeýle etdim. Sizem edil Meniňki ýaly ediň, bir-birleriňize we adamlara hyzmat ediň. Adamlara nädip hyzmat etmelidigini Isanyň görkezendiginden Hudaý hoşaldy. Isanyň şägirtleriniň ýakynlaryna hyzmat etmekden öz bagtlaryny tapjakdyklaryny Hudaý bilýärdi. Ýada salalyň Näme üçin agşamlyk nahar wagty şägirtler aýratyn nahary iýdiler? Öz şägirtlerine hyzmat etmek üçin Isa näme etdi? Isa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Näme üçin Petrus öz aýaklaryny Isanyň ýuwmagyny islemedi? Isa Öz şägirtlerine hyzmat edip, olara nämäni öwretdi? Öz saýlawyň hakda oýlan Öýde, mekdepde, ýygnakda sen nähili borçnamalary ýerine ýetirýärsiň? Kimdir birine hapa işi ýerine ýetirmäge kömek edýärsiňmi? Haçan-da sen beýleki adamlara hyzmat edeniňde, özüňi kime deňeşdirip bilýärsiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Belki-de, Mukaddes Kitabyň taryhlaryndaky adamlaryňky ýaly, biziň aýaklarymyz şeýle çalt hapalanýan däldir. Emma ellerimiz gaty çalt hapalanýar. Maşgalaňyň ähli agzalarynyň bir-birleriniň ellerini nobat-nobat ýuwmaklaryny haýyş et. Beýleki adamlara bolan hyzmat her bir adamy bagtly edýär! Dileg edeliň Hudaý, özümize edýän her bir kömegiň üçin biz gaty şat. Adamlara nädip hyzmat edip, olara kömek edip biljekdigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn. «Oýanyň!» Markusyň Hoş Habary 14:26, 32–42 GETSEMANI BAGYNDA ISANYŇ ŞÄGIRTLERI ONUŇ WEPALY DOSTLARY BOLDULARMY? ÝA-DA OLAR ISA ÜÇIN DILEG ETMEGIŇ DEREGINE UKLADYLARMY? Agşamlyk naharyndan soň Isa we Onuň şägirtleri bilelikde aýdym aýtdylar. Onsoň olar oturan otaglaryny taşlap, Getsimani bagyna gitdiler. Bu ýuwaş ýerde Isa dileg etmek isläpdi. Ol Özüne agyr synaglaryň garaşýandygyny bilýärdi. Ol bu hakda Hudaý bilen gürleşmek isläpdi we Özüniň iň oňat dostlarynyň goldamaklaryny isläpdi. Getsimani bagyna barýan ýolda Isa Özüne nämeleriň garaşýandygy hakynda şägirtlerine gürrüň berdi. Emma olar ynanmadylar. Kimdir biri olaryň Mugallymyna zyýan ýetirip bilermi? Olar hiç haçan hem muňa ýol bermezler! Isa şägirtlerini bagyň golaýynda galdyrdy we Petrusy, Ýakuby we Ýahýany — Özüniň iň wepaly üç dostuny Öz ýany bilen aldy. Isa olara: «Meniň ýüregim gaýgydan dolup-daşýar. Şu ýerde galyň we oýa boluň, tä bagyň içinde dileg edenimde uklamaň» diýdi. Özleriniň oýa bolmaklarynyň neneň wajypdygyna şägirtleri düşünmelidiler. Isa bagda dileg edýärkä, olar Onuň üçin dileg etmelidiler. Şeýlelikde, şägirtler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Isanyň haýyşyny ýerine ýetirip, uky bilen göreşip bilerdiler. Tizara nähili gaýgyly wakalaryň boljakdygyna düşünmeselerem, olar dileg edip bilerdiler. Ýa-da Isanyň şägirtleri özleriniň uklamak isleglerine erk edip bilerdiler. Ýogsa-da, olar ýaňyja naharlanypdylar we wagt hem gaty giçdi. Dogrudanam, öz Mugallymlary bilen bagda näme erbetlik bolup biler? Tizara uky Isanyň ähli, hatda iň wepaly dostlaryny ýeňdi. Entek olar uklaýarkalar, Isa Özüniň Göklerdäki Atasy bolan Hudaý bilen gürleşýärdi. Ol haýyş edip, Oňa: «Eger mümkin bolsa, onda Özüme garaşýan görgülerden Meni halas et. Men olardan gaça durmak islärdim, emma Özüme tabşyranlaryňyň baryny ýerine ýetirerin» diýdi. Iki gezek Isa Öz şägirtleriniň ýanyna geldi. Emma her gezek olaryň uklap ýatandyklaryny gördi. — Siz uklap ýatyrsyňyzmy? — diýip, Isa olardan sorady. — Oýa bolup, dileg etmäge siziň hiç-de güýjüňiz ýokmy? Haçan-da Isa şägirtleriniň ýanyna üçünji gezek gelende, daňa senli wagtyň uzakdygyna seretmezden, olar eýýäm ukudan oýanypdylar. Olar bagda Isany gözläp gelen märekäni gördüler. Erkekler ellerinde çyra, ýiti pyçak we uzyn peýkamlar göterip gelýärdiler. Haçan-da märeke Isanyň şägirtleriniň gapdallaryndan geçende, uky bütinleý ýitirim bolupdy. Bu uzak, ukusyz gijäniň diňe başydy. Şägirtleriň oýa bolman, dileg etmedikleri üçin Hudaý gamgyn bolupdy. Hudaý olaryň Öz Oglunyň haýyşyny ýerine ýetirmeklerini isläpdi. Haçan-da erkekler Isany äkidenlerinde-de Hudaý Onuň şägirtleri bilen biledi. Elbetde, bütin gije Hudaý Isa bilen bolupdy. Ýada salalyň Agşamlyk naharyndan soň Isanyň şägirtleri nirä gitdiler? Isa olardan nämä garaşýardy? Isa bilen bagyň içine kim gitdi? Isa Özüniň üç şägirtlerinden näme haýyş etdi? Şägirtler dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Eger saňa kömek gerek bolsa, kime bil baglap bilersiň? Beýlekiler saňa bil baglap bilerlermi? Haçan-da Isa seniň kömegiňe bil baglanynda, sen Onuň haýyşyny ýerine ýetirip bilermiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Isa bagyş edýän işleriňiň düzümini düzmäge kömek etmegi üçin, Ondan kömek sora. Meýilleşdirenleriňiň baryny bir hepdäniň içinde ýerine ýetirmäge synanyş. Belki-de, sen Isa Ony nähili güýçli söýýändigiňi aýdarsyň. Belki-de, Onuň dostlary üçin käbir oňat zatlary edersiň. Her gün agşam, uklamazyňdan ozal, ertir näme etjekdigiň hakynda oýlan! Özümizden Isanyň garaşýanyny ýerine ýetirmäge synanyşyp, biz ýadamaly däldiris. Dileg edeliň Hudaý, özümize Isa tarapyndan tabşyrylan işi hiç haçan hem taşlamazlyga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Oduň boýunda Lukanyň Hoş Habary 22:54–62; Ýahýanyň Hoş Habary 13:37–38; 18:10–11, 15–18, 25–27 ISANYŇ DOSTY DIÝILMÄGE PETRUSA BATYRGAÝLYK ÝETERLIK BOLDUMY? ÝA-DA OL ÖZÜNI EDIL ISANY TANAMAÝAN ÝALY ALYP BARDYMY? Isanyň şägirtleriniň biri bolan Petrus öz Mugallymyny güýçli söýýärdi we hemişe Oňa ünsli gulak asýardy. Isa Özüni Petrusyň söýýändigini bilýärdi, şeýle-de Ol onuň edermen adam däldigini bilýärdi. Şol aýratyn agşamlyk nahary gutarandan soň, Isa Petrusa duýduryş berip: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. Mugallymynyň sözlerine haýran galan Petrus dessine jogap berdi: — Ýok! Men muny hiç haçan hem etmerin! Petrus özüni edermen hasaplaýardy, özüniň iň oňat Dostuny hiç haçan hem inkär etmejekdigine ol ynamlydy. Haçan-da Getsimani bagynda eli çyraly, gylyçly we naýzaly adamlar peýda bolanlarynda, Petrus özüniň edermenligini görkezjek bolup, ol adamlaryň birini öldürmek niýeti bilen gylyjyny eline alyp, birini ýaralady. Emma Isa ondan muňa garaşmandy. Biraz soň şägirtler bagdan gidenlerinde, Petrus Isany tapmak kararyna geldi. Şonuň üçin hem ol Mugallymyň oturan öýüniň howlusyna tarap gitdi. Gije sowukdy we howluda ot ýanyp durdy. Oduň boýunda adamlar ýylanýardylar we bir zatlar hakynda ýuwaşlyk bilen gürleşýärdiler. Petrus olaryň ýanyna bardy. Hyzmatkär aýallaryň biri ondan: «Sen Isanyň şägirdi dälmi?» diýip sorady. Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol hyzmatkäre we oduň boýunda ýygnananlaryň baryna özüniň Isanyň şägirdidigini aýdyp bilerdi. Emma şeýle diýse, ol betbagtçylyklara duçar bolup bilerdi. Belki-de, kimdir biri ony öldürmäge synanyşar. Ýa-da Petrus Isany tanamaýandygyny aýdyp bilerdi. Şonda ol howpsuzlykda bolar. Galyberse-de, Isa hiç haçan hem onuň ýalany hakda bilmez. Ine, soň näme boldy. Petrus gorkdy we şonuň üçin hem ýalan sözledi. Ol hyzmatkär aýala: «Ýok, men Onuň şägirdi däl» diýip, jogap berdi. Petrus oduň boýunda ýylanmagyny dowam etdirdi. Kimdir biri ondan sorap: «Sen Onuň şägirdi dälmiň?» diýdi. Emma Petrus jogap berip, şeýle diýdi: — Ýok. Men Onuň şägirdi däl. Şondan soň ýene biri üns berdi: — Men seni Isa bilen görenime ant içerin. Üçünji gezek hem Petrus öňküleri ýaly jogap berdi: — Ýok! Men Ony tanamaýaryn. Şol pursat horaz gygyrdy. Petrus dessine Isanyň sözlerini ýatlady. Bary Mugallymyň aýdyşy ýaly bolup çykdy. Petrus Ony üç gezek inkär etdi. Haçan-da Isa Petrusa seredende, ol Onuň bakyşyna çydap bilmeýär. Petrus özüni hiç haçan hem şeýle erbet duýmandy. Ol ýüzüni dony bilen ýapyp gözýaşlary bilen Mugallymyndan daş gitdi. Isa hem Özüni erbet duýýardy, emma wagty geler we Ol Petrus bilen gürleşer. Şeýdip, Petrus özüni Isanyň öňküsi ýaly söýýändigine düşüner. Petrus dogrudanam edermen adam bolmagy öwrener. Ýada salalyň Isanyň sözleri boýunça, horaz üç gezek gyryrmazyndan öň, Petrus näme etmelidi? Petrus näçe gezek Isany inkär etdi? Petrus dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Haçan-da Petrus Isany inkär edende, ol näme duýdy? Isa näme duýdy? Öz saýlawyň hakda oýlan Özüňi Isanyň dosty diýýänligiň üçin kimdir biri seniň üstüňden gülse,sen nähili hereket edersiň? Hakykaty gizlemezligiňe kömek etmegi üçin sen kömek etmegi üçin Isa ýüzlenersiňmi? Dogry saýlaw etmegi öwren Haçan-da garaňky bolanda, otagda çyrany öçür we jübi çyrasyny ýak. Onsoň ýagtylygyň öňünde barmaklaryňy gymyldat. Bu oduň ýalnynyň dilini ýatladar. Goý, bu «ot» saňa Petrus ýaly hereket etmeli däldigini ýatlatsyn. Onuň ýalňyşlygyny hiç haçan hem gaýtalamaga çalyşma. Özümiziň Isanyň dostlarydygymyz hakynda adamlara gürrüň bermäge biz gorkmaly däldiris. Dileg edeliň Hudaý, özümiziň ähli ýetmezçiliklerimize seretmezden, bizi söýýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Edermen bolup, özümiziň Isanyň dostlarydygymyzy boýun almakdan gorkmazlygymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. «Ol Hudaýyň Ogly!» Mattanyň Hoş Habary 27:22–66. Lukanyň Hoş Habary 23:44–49, Ýahýanyň Hoş Habary 19:1–30 ISANYŇ HUDAÝYŇ OGLUDYGYNA RIM ÝÜZBAŞYSY YNANDYMY? ÝA-DA OL ISANY ADATY ADAM HÖKMÜNDE KABUL ETDIMI? Isanyň hiç hili jenaýat etmändigini rim hökümdary bilýärdi. Emma ol halkyň: «Ony haça çüýle!» diýip gygyrýan seslerini eşidýärdi. Isanyň Hudaýyň Ogludygyna adamlar ynanmaýardylar. Şonuň üçin hem olar Ony haça çüýlemek islediler, Ony öldürmek islediler. Eger Isany azat etse, onda pitnäniň turjakdygyny hökümdar bilýärdi. Şonuň üçin hem ol Ony rim esgerleriniň eline berdi. Olar Oňa gaty gödek daraşdylar. Olar Onuň üstünden gülüp, Ony ýençýärdiler. Onsoň olar Isanyň kellesine tikenli täç geýdirip, şäherden daşda bolmadyk baýyrlyk ýere alyp bardylar. Şol ýerde olar Ony agaçdan ýasalan haça çüýlediler. Bularyň baryny etmeklige Isa esgerlere rugsat berdi. Ol Özüniň haça çüýlenjekdigini bilýärdi, çünki Hudaýyň niýeti şeýledi. Hudaýyň Ogly adamlaryň günäleri üçin jeza çekmelidi. Rim esgerleri Isanyň üstünden gülmeklerini dowam etdirýärdiler. Olar Oňa «Ýahudylar patyşasy» diýýärdiler we Onuň egin-eşiginiň kimiňki boljakdygyny bilmek üçin bije atýardylar. Isanyň çüýlenen haçynyň ýanynda Onuň ejesi Merýem we ýene birnäçe aýallar durdular. Onuň şägirtleriniň biri bolan Ýahýa hem olar bilen durdy. Isanyň haçda ejir çekýändigine seretmek olaryň ählisi üçin gaty kyndy. Birden gündiziň güni töwerek garaňkylyga gaplandy. Isa Özüni ýeke duýup, Hudaýa ýüzlendi. Ol agyrydan we suwsanlygyndan ejir çekýärdi. Agşama ýakynlanda, Isa gaty ses bilen: «Amala aşdy!» diýip gygyrdy. Haçan-da Ol jan berende, ýer titredi. Bu ýertitreme ähli adamlarda gorky döretdi. Jezalandyrylyşa ýolbaşçylyk edýän rim ýüzbaşysy bütin günläp Isa syn edýärdi. Ol Isanyň Kimdigini bilmeýärdi, emma onuň gözüniň alnynda geň zatlar bolup geçýärdi. Şeýlelikde, rim ýüzbaşysy wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň dogrudanam Hudaýyň Ogludygyna ynanyp, muňa göz ýetirendigi hakynda hemmelere aýdyp bilerdi. Ýa-da ol sesini çykarman, göz alnynda bolup geçen zatlary ýadyndan çykaryp bilerdi. Eýýäm gaty giçdi we şu günki bolup geçen wakalaryň bary hakynda ertir oýlanjakdygy baradaky karary kabul edip bilerdi. Rim ýüzbaşysy näme etdikä? Ol kellesini galdyryp, haça seretdi we şeýle diýdi: — Dogrudanam Isa Hudaýyň Ogly! Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam Isanyň jesedini haçdan düşürdi we ony bagdaky bir gowakda jaýlady. Girelgäni ol uly daş bilen ýapdy. Onsoň esgerler geldiler. Isanyň jesedini hiç kimiň ogurlamazlygy üçin olary gowagy goramak üçin goýupdylar. Jezalandyrylyşa ýolbaşçylyk eden ýüzbaşy bolup geçen zatlar üçin gaty gamgyn bolan bolsa gerek. Hudaý hem gamgyndy. Emma Ol Isanyň gowakda ömürlik galmajakdygyny bilýärdi! Ýüzbaşynyň Kime ynanandygyny Hudaý bilýärdi. Ol Hudaýyň Ogluna ynanypdy. Ýüzbaşynyň Kime ynanandygyny aýdany üçin Hudaý şatdy. Ýada salalyň Näme üçin halk Isanyň ölümini talap etdi? Gündiz nähili geň wakalar bolup geçdi? Rim ýüzbaşysy Isa hakda näme diýdi? Ol dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Hudaý hemmeleriň Öz Ogly Isa ynanmaklaryny isleýär. Isanyň Hudaýyň Ogludygyny sen nädip bildiň? Onuň özüň üçin ölendigine ynanýaňmy? Dogry saýlaw etmegi öwren Haça çüýlenen adamlaryň suratyny çek. Olaryň näme duýýandyklaryny beýan etmäge synanyş. Onsoň özüňi olaryň ýanynda şeýle edip çek welin, ýüzüňde olaryň duýgulary görünsin. Şol gün Isa näme diýip biljekdigiň hakynda kimdir birine gürrüň ber. Öz durmuşymyzda edip biljek iň oňat saýlawymyz — bu Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanmagymyzdyr. Dileg edeliň Hudaý, Seniň Ogluň bolan Isa ynanyp bilýändigimiz üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Daň säherde Mattanyň Hoş Habary 28:1–10; Lukanyň Hoş Habary 24:9–10 MERÝEM WE ONUŇ JORALARY PERIŞDÄNIŇ AÝDANLARYNY ISANYŇ ŞÄGIRTLERINE ÝETIRDILERMI? ÝA-DA OLAR ÝÖNE ÖÝLI-ÖÝLERINE GITDILERMI? Sabat güni geçenden soň, hepdäniň ilkinji güni daň bilen Isanyň şägirtleri we Onuň kömekçileri gaty gamgyndylar! Öz Mugallymy bilen olaryň bary-ýogy birnäçe gün mundan ozal bilelikde nahar edinenlerinden bäri gaty kän wagt geçen ýalydy. Özlerine Isanyň has mätäç bolanynda, olaryň Öz Mugallymyny ýekelikde galdyrandyklaryna şägirtler indi düşünýärdiler. Ertesi gün Isa haçda öldürilipdi. Indi olar özlerini ýeke we gorkuly duýýardylar. Hepdäniň birinji güni Isanyň dosty bolan Merýem gaty ir oýandy. Ol çaltlyk bilen geýnip, sebedine atyrlary goýdy. Onsoň ol ýuwaşlyk bilen garaňky köçä çykdy. Şol ýerde oňa joralary garaşýardylar. Olar bilen bilelikde Merýem şäher derwezelerinden çykdy. Aýallar Isanyň jaýlanan bagyna tarap ugradylar. Olar Onuň jesedine atyr çaljakdylar. Ýolda gidip baryşlaryna, aýallar nädip gowagyň agzyndaky daşy süýşürjekdikleri hakynda gürrüň edýärdiler. Emma bu hakda kän oýlanmak olara asla gerek bolmady. Birden ýer titredi, ganatlaryň sesi eşidilip, perişde peýda boldy. Ol girelgeden daşy aýryp, onuň üstünde oturdy. Garawullar şeýle bir gorkdular welin, hatda ýere ýykylyp, edil öli kimin ýatyrdylar. Merýem we onuň joralary hem gaty gorkdular. Emma perişde aýallary köşeşdirdi: — Gorkmaň. Siziň Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Soňky gezek siz Ony öli görüpdiňiz. Emma Özüniň aýdyşy ýaly, indi Ol ýene-de diri. Baryň we Onuň gowakda ýokdugyna göz ýetiriň. Onsoň bolsa Onuň ölülerden direlendigi hakynda şägirtlerine gürrüň beriň. Goý, olar Jelilä ugrasynlar we şol ýerde öz Mugallymyny görerler. Merýem we onuň joralary ylgap gitdiler, emma birden saklandylar. Kimdir biri olaryň sözlerine ynanarmykalar? Şeýlelikde, aýallar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar şägirtlere perişdäniň aýdanlaryny, ýagny Isanyň diridigini, Ony Jelilede ýene-de görüp bilýändiklerini aýdyp bilerdiler. Ýa-da aýallar özlerine şägirtler ynanmaz diýip, öýli-öýlerine gidip bilerdiler. Aýallar näme etdikäler? Olar diňe biraz wagtlap durdular we şol pursat olaryň öňlerinde Isa peýda boldy! Ol olara: «Gorkmaň. Baryň we Jelilede duşuşjakdygymyzy beýlekilere aýdyň» diýdi. Indi aýallar şemaldan hem çalt ylgaýardylar. Bularyň barynyň dogrudygyny olar Petrusa we beýleki şägirtlere aýtdylar. Isa diri! Olar Onuň bilen Jelilede duşuşyp bilerler. Ogly Isanyň ölmändigine Hudaý şatdy. Boş gowagy gören aýallaryň hoş habary Isanyň şägirtlerine ýetirendikleri üçin Hudaý şatdy. Ýada salalyň Aýallar haçan baga dolanyp geldiler? Perişde olara näme diýdi? Aýallar dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Olar Isanyň şägirtlerine näme hakda gürrüň berdiler? Öz saýlawyň hakda oýlan Täzelikleriň şeýle bir oňat bolandyklary üçin, olaryň hakykata meňzemeýändigi bolup görnen täzelikleri sen eşitdiňmi? Kimdir birine sen şeýle täzelikleri getirdiňmi? Olaryň iň oňady — bu Isanyň direlmegi hakyndaky habardyr! Kimdir birine sen bu hakda gürrüň bermek isleýärsiňmi? Dogry saýlaw etmegi öwren Günüň ýaňy dogan wagtynda turup, ir säherden Hudaýy şöhratlamak kararyny kabul et. Eger howa ýyly bolsa, onda arassa howada Hudaýa öwgi aýdymlaryny aýdyp, dileg ederiň ýaly, ýakyn adamlaryň bilen daşa çyk. Biziň beýleki adamlar bilen paýlaşyp bilýän iň oňat habarymyz — bu Isanyň ölülerden direlendigi hakyndaky habardyr. Dileg edeliň Hudaý, Isa diri! Bu hakda bilendigimiz üçin biz şat. Bu habary hemmeleriň eşitmeklerini biz isleýäris. Isanyň ady bilen dileg edýäris. Omyn. «Men Ony görmelidirin» Ýahýanyň Hoş Habary 20:19–31 ISANYŇ DIRIDIGI HAKYNDA GÜRRÜŇ BEREN DOSTLARYNA TOMAS YNANDYMY? ÝA-DA ONUŇ ÖZI MUŇA GÖZ ÝETIRMEK ISLEDIMI? Isa dogrudanam dirimi? Munuň dogrudyny Öz şägirtleriniň bilmeklerini Isa isläpdi, çünki direlen gününiň agşamynda Ol olaryň ýanyna gelipdi. Onuň kömekçileri kiçijik otagda ýygnanyşyp, gapyny gulplapdylar. Olar entegem Isany haça çüýlänlerden gorkýardylar. Gapyny hiç kimiň açmandygyna seretmezden, birden duýdansyzlykda Mugallym olaryň ýanlarynda peýda boldy! Isa Öz şägirtlerine: «Size parahatlyk» diýdi. Ony ýene-de görýändiklerine şägirtler neneň şatdylar! Bu hakykatdy! Hawa, Isa direldi! Isa otagda peýda bolan wagtynda, Tomas atly şägirt ýokdy. — Biz Isany gördük! — diýip, dostlary oňa hoş habary buşladylar. Olar Öz ýanlarynda Mugallymyň bolandygyny, Onuň bilen näme hakda gürleşendiklerini aýtdylar. Şeýlelikde, Tomas wajyp saýlaw etmelidi. Ol öz dostlaryna ynanyp, Isanyň diridigine şatlanyp bilerdi. Ýa-da ol özüniň bu hoş habara ynanmaýandygyny aýdyp bilerdi. Galyberse-de, ol Isany görmedi we özüniň şübhelerini ýeňmek onuň üçin kyndy. Ine, Tomas näme etdi. Ol şeýle diýdi: — Tä Isany öz gözlerim bilen görýänçäm, munuň hakykatdygyna ynanmaryn. Bir hepdeden soň şägirtler ýene-de şol kiçijik otagda ýygnanyşdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň ýanyndady. Bu gezek hem gapynyň ýapykdygyna seretmezden, Isa Öz şägirtleriniň ýanynda peýda boldy. Ol ýene-de olara: «Size parahatlyk» diýdi. Isa Öz ýanyna Tomasy çagyryp, diňe bir Özüne seretmegi däl, hatda elini degrip görmegini teklip etdi. Mugallymyň dogrudanam hem diridigine Tomas ynandy. Öz gözleri bilen görýänçe, Tomasyň Isanyň ölülerden direlendigine ynanmandygy üçin Hudaý gamgyn boldy. Emma Hudaý Tomasy söýýärdi we ahyrsoňy öz şübhelerini ýeňip bilendigi üçin Ol şatdy. Ýada salalyň Isa şägirtleriniň ýanyna ilkinji gezek gelende, olaryň arasynda kim ýokdy? Isanyň diridigine Tomasyň ynanyp bilmegi näme üçin kyndy? Tomas dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Nädip Isa Tomasyň şübhelerini ýeňip bilmegine kömek etdi? Öz saýlawyň hakda oýlan Biziň günlerimizde hiç kim hem Isany görüp bilmeýär, şonuň üçin hem Onuň ölülerden direlendigine ynamy saňa näme berýär (Mukaddes Kitapdan alnan taryhlar, dileg we ş. m.). Dogry saýlaw etmegi öwren Açyk penjiräniň ýanynda dur we seret, şemal öwsýärmi? Şu gün ýuwaşmy ýa-da şemally gün? Sen şemaly görüp bilýäňmi? Onuň öwsýändigini sen nädip bilýärsiň? Özüňiň şemal ýaly tebigy ýagdaýlara ynanmaýandygyňy göz öňüňe getir we onuň bardygyna özüňiň ynanyp bilmegiňe kömek etmeklerini ýakynlaryňdan haýyş et. Onsoň Isanyň diridigine ynanyp bilmegiňize bir-biriňize kömek ediň. Öz Ogly Isanyň diridigine ynananymyzda, Hudaý muňa şatlanýandyr. Dileg edeliň Hudaý, Isanyň diridigi hakynda Seniň Sözüňiň aýdýandygyna biz şatdyrys. Öz ynamymyzy berkidýändigiň üçin hem minnetdardyrys. Isanyň ady bilen. Omyn. «Meniň goýunlarymy bak» Ýahýanyň Hoş Habary 21:1–17 PETRUS ÖZÜNIŇ ISANY SÖÝÝÄNDIGINI AÝTDYMY? ÝA-DA PETRUS SESINI ÇYKARMADYMY? Isanyň ölülerden direleninden soň, şägirtler özleriniň näme bilen meşgul bolmalydyklaryny bilmeýärdiler. Ine-de, biz gezek Petrus özüniň balyk tutmaga gidýändigini öz dostlaryna aýdýar. Olar hem onuň bilen gitmek islediler. Isanyň şägirtleri ýene-de balykçylar bolmak kararyna gelen bolsalar gerek. Şonuň üçin hem olar köne gämilerini we torlaryny çykardylar. Onsoň olar deňze çykyp, birnäçe ýyl mundan ozalkysy ýaly, torlaryny suwa atdylar. Balyk adatça gijesine oňat tutulýar. Emma şol gije balykçylar ýekeje-de balyk tutup bilmediler. Daňda olar kenarda bir adamy gördüler, emma onuň kimdigini tanamadylar. Nätanyş olardan gaty ses bilen: «Balyk tutup bildiňizmi ýa-da ýok?» diýip sorady. Jogap edip, Isanyň şägirtleri hem gygyrdylar: — Ýok! Biz hiç zat tutup bilmedik. Şonda kenardaky adam gygyryp: — Torlaryňyzy ýene bir gezek atyň we gämiňiziň sag tarapyndan çykaryň. Şonda kän balyk tutarsyňyz, — diýdi. Şägirtler hut şeýle-de etdiler. Şeýle bir kän balyk tora ilipdi welin, hatda gämä ýükläp bolmaýardy. Şonda Ýahýa Petrusa: «Bu Isa!» diýdi. Petrus gözlerini galdyrdy. Dogrudanam, bu Isady! Şatlykdan özüni ýitiren Petrus özüni suwa oklap, kenara tarap ýüzdi. Galan şägirtler bolsa onuň yzy bilen gämide ýüzüp barýardylar. Isa Özüne tarap ýüzüp gelýän Petrusy görüp, onuň Özüni üç gezek inkär edenini ýadyna saldy. Indi Isa Petrusa Öz Mugallymyny söýýändigini üç gezek aýdyp bilmek mümkinçiligini bermek isledi. Şonuň üçin hem Isa kenarda öz şägirtleri bilen ertirlik naharyny edinip, ýene-de Petrus bilen gürrüňe başlady. Ol gün gezek şägirdine şol bir soragy berdi we Petrus üç gezek Oňa jogap berdi. — Petrus, sen Meni söýýäňmi? — diýip, Isa sorady. Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isany neneň güýçli söýýändigini aýdyp bilerdi. Ol bu hakda öz dostlarynyň alnynda aýdyp bilerdi. Ýa-da ol sesini çykarman bilerdi. Belki-de, Isa oňa ynanmaz. Ol Özüni inkär eden şägirdini bagyşlap bilermikä? Ine, Petrus näme jogap berdi: — Hawa, Rebbim, Seni söýýändigimi Özüň bilýärsiň. Şonda Isa: — Meniň goýunlarymy bak! — diýdi. Goýunlar hakda aýdyp, Isa adamlary göz öňünde tutdy. Isa Petrusyň adamlara Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň bermegi hiç haçan hem bes etmezligi hakynda sorady. Onsoň Isa ikinji gezek sorady: — Petrus, Sen Meni söýýäňmi? Petrus ýene-de jogap berdi: — Hawa, Rebbim. Seni söýýändigimi Özüň bilýärsiň. Isa ýene bir gezek gaýtalady: — Meniň goýunlarymy bak. Isa üçünji gezek hem şol bir soragyny berdi: — Sen dogrudanam Meni söýýäňmi? Üçünji gezek hem Petrus jogap berdi: — Rebbim, Sen baryny bilýärsiň. Seni söýýändigimi Özüň bilýärsiň. Ýene-de Petrus Isanyň çakylygyny eşitdi: — Meniň goýunlarymy bak. Petrus kenarda geçiren şu güni neneň bagtlydy! Ol özüni Isanyň söýýändigini bildi. Şeýle-de, şägirdiniň hem Özüni söýmek islemegini Isa isleýärdi. Petrusyň Öz kömekçisi bolup galmagyny Isa isledi. Ýada salalyň Nädip Isa Öz şägirtlerine kän balyk tutmaga kömek etdi? Kim kenara ýüzüp bardy? Isa Petrusdan näme hakda sorady? Petrus näme jogap berdi? Petrus dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Seniň göwnüne degen adamyň seni haçan hem bolsa bir wagt bagyşladymy? Haçan-da sen özüňi onuň entegem söýýändigini bileniňde, sen näme duýduň? Sen nädogry hereket edeniňde, Isa seni söýýärmi? Isany söýýändigiňi Oňa aýdýarmyň? Dogry saýlaw etmegi öwren Isa bolan söýgüňi görkezmegiň üçin Oňa aýdym aýt. Belki-de, sen täze aýdym düzmek islärsiň? Mysal üçin, onda şeýle sözler bolup biler: «Isa, men Seni söýýän, Sen bilýärsiň muny, men Seni söýýän». Eger seniň ýeke özüň aýdym aýtmak islemeseň, onda kimdir biriniň özüň bilen bile aýtmagyny haýyş et. Ol aýdymda şeýle sözler bolup biler: «Isa meni söýýär». Eger biz Isany söýýän bolsak, onda bu hakda Oňa aýtmalydyrys. Dileg edeliň Özümi söýýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýärin, Isa. Petrus hakda bilşiň ýaly, men hakda hem Sen bar zady bilýärsiň. Petrusy söýşüň ýaly, Sen meni hem söýýärsiň. Men hem Seni söýýärin! Omyn. Her kim düşünip biler! Mattanyň Hoş Habary 28:16–20; Resullaryň işleri 1–2 ULY MÄREKÄ ISA HAKDA GÜRRÜŇ BERMEK ÜÇIN PETRUS ÖZÜNDE BATYRGAÝLYK TAPDYMY? ÝA-DA OL KIMDIR BIRINIŇ MUNY ETMEGINE GARAŞDYMY? Isanyň Öz Atasynyň ýanyna dolanyp barmaly wagty ýetip gelipdi. Göge galmazyndan ozal, Ol hemişe Öz şägirtleriniň ýanynda bolmagy wada beripdi. Onsoň Isa olara şeýle tabşyryk berdi: — Iýerusalimde garaşyň we Hudaý size Mukaddes Ruhy iberer. Ol sizi batyrgaý eder we ähli ýerde Men hakda adamlara gürrüň bermäge kömek eder. Şu sözlerden soň Isa bulutlaryň içinde gaýyp boldy we şonda soň şägirtleri Ony görmediler. Olar bolsa Onuň wada eden Mukaddes Ruhuna garaşyp galdylar. Olar Isany söýýän adamlar bilen duşuşýardylar we olar bilen bile dileg ederdiler. Ahyrsoňy bir gezek daňdan olar şemalyň sesine meňzeş ses eşitdiler. Oduň dillerini ýada salýan bir zat her bir adamyň üstünde peýda boldy. Emma bu ot hiç kimi ýakmaýardy. Haçan-da adamlar gepläp başlanlarynda, olaryň dürli dillere eýedikleri mälim boldy! Şol gün şähere dürli ýerlerden kän adamlar gelipdiler. Olaryň bary Isanyň şägirtleriniň näme gürrüň berýändiklerine düşünip bildiler. Petrus adamlaryň giden toplumyna seretdi. Olara Isa hakda gürrüň bermegiň iň oňat wagty! Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol batyrgaýlyk edip, ýygnanan adamlara wagyz etmäge başlap bilerdi. Çünki Özi hakda adamlaryň bilmelidiklerini Isa Petrusa aýdypdy ahyryn. Şonuň üçin hem eger şu wagt wagyz edip başlasa, özüniň dogry hereket etjekdigine Petrus düşünýärdi. Ýa-da ol öň bir gezek bolup geçişi ýaly, özüni Isany tanamaýan ýaly alyp baryp bilerdi. Galyberse-de, ol kimdir biriniň wagyz edip başlamagyna ýöne garaşyp bilerdi. Petrus näme etdikä? Ol märekä ýüzlenip, batly we batyrgaýlyk bilen gepledi. Mukaddes Ruh oňa batyrgaýlyk we gerekli sözleri beripdi. Petrus halka Isanyň durmuşy hakda ählisini gürrüň berdi. Onsoň ol Onuň ölümi we ölülerden direlişi hakynda aýdyp, özüni diňleýänleriň hemmesine şeýle diýdi: — Ähli günäleriňiz üçin toba ediň. Isa sizi bagyşlar. Üç müňe golaý adam Petrusyň Isa hakda aýdanlaryna ynandylar! Petrusyň batyrgaýlyk tapandygy üçin Hudaý hem şatdy. Petrusyň adamlara Isa hakda gürrüň berendiginden Hudaý hoşaldy. Ýada salalyň Göge galmazyndan ozal Isa Öz şägirtlerine nähili tabşyryk berdi? Haçan-da özüne Mukaddes Ruh inende, Petrus näme etdi? Petrus dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Özüňe Isa hakda gürrüň beren adamlaryň birnäçesiniň atlaryny aýdyp bilermiň? Ol hakda seniň özüň kime gürrüň berip bilersiň? Gerek bolan sözleri saňa kim berer? Dogry saýlaw etmegi öwren Nähilidir bir owadan suraty çek we oňa uly harplar bilen şeýle ýaz: ISA SENI SÖÝÝÄR! Eger isleseň, harplary dürli reňklere boýa. Belki-de, sen şol sözleri başga dillerde ýazyp bilersiň. Öz çeken suratyňy ýazan diliňe düşünýän adama sowgat et. Biz adamlara Isanyň olary söýýändigi hakynda gürrüň bermelidiris. Dileg edeliň Hudaý, adamlara Hudaýyň Oglunyň söýgüsi hakynda gürrüň berip belmegimiz üçin wajyp bolan sözleri tapyp bilmegimize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Şama gidýän ýolda Resullaryň işleri 9:1–22 PAWLUS ERBET IŞ ETMEGINI BES ETDIMI? ÝA-DA OL ÖŇKI DURMUŞY BILEN ÝAŞAMAGYNY DOWAM ETDIMI? Pawlus Hudaýyň kanunlaryny oňat bilýänleriň biridi. Emma ol Isa hakda bilmeýärdi. Ol Isa hakda eşidipdi, emma Onuň Hudaýyň Ogludygyna ynanmaýardy. Şonuň üçin hem Ol Ony söýüp bolar diýen pikire ýol bermeýärdi. Pawlus Isany söýýän adamlary hemme ýerlerde gözläp tapyp, olary zyndana taşlaýardy. Ol özüniň dogry hereket edýändigine ynamlydy. Bir gezek Pawlus Şama gidýän ýol bilen barýardy. Ol şol ýerde-de Isany söýýän adamlary tutup, olary zyndana taşlamak isleýärdi. Birden asmandan gelýän ýagtylyk onuň gözüni gamaşdyrdy. Pawlus ýere ýykyldy. Şol pursat ol şeýle sesi eşitdi: — Pawlus, sen näme üçin Meni kowalaýarsyň? — Kim sen? — diýip, Pawlus sorady. — Men seniň kowalaýan Isaň. Isa göge galypdy. Ol dogrudanam Hudaýyň Ogludy we bu hakda Pawlusyň bilmegini isleýärdi. Şeýle-de, Isany söýýän adamlary yzarlaýan adamyň Onuň Özüni kowalaýandygyna Pawlusyň düşünmegini isleýärdi. Pawlus ýerinden turdy we hiç zat görmeýändigini dessine bildi. Şonda onuň bilen bile Şama barýan adamlar ony şähere alyp bardylar. Üç günüň içinde Pawlus Göni köçesindäki jaýda boldy. Ol entegem hiç zat görmeýärdi. Ýöne ol dileg edip bilýärdi. Ol dileg etdi! Tizara Pawlusyň ýaşaýan jaýyna Isany söýýän bir adam geldi. Ol adam Pawlusa: — Isa meni seniň ýanyňa iberdi. Ol seniň gözüňiň açylmagyny isleýär! — diýdi. Nätanyş elini Pawlusa degirdi we Pawlus ýene-de gördi. Şeýlelikde, Pawlus wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanyp, Onuň dostlaryny biderek ýere azatlykdan mahrum edendigini boýun alyp bilerdi. Ol erbet iş etmegini bes edip bilerdi. Ýa-da ol Isa asla Hudaýyň Ogly däl diýip hasaplap, öňküleri ýaly Onuň dostlaryny zyndana taşlap bilerdi. Pawlus näme etdikä? Ol Isanyň kömekçisi bolmak kararyny kabul etdi! Ol birnäçe günläp Onuň Şamdaky dostlary bilen gürrüň etdi. Şondan soň onuň özi Isa hakda Hudaýyň Ogly hökmünde gürrüň berip başlady. Adamlar Pawlusyň neneň üýtgändigine geň galmaklaryny bes etmeýärdiler. Ol indi Isanyň dostlaryny zyndana taşlamaýardy. Indi ol adamlary Hudaýyň Ogluna ynanyp, Ony söýmeklige ýene we ýene ynandyrýardy! Pawlusyň erbet işleri etmegini bes edendigi üçin Hudaý şatdy. Ahyrsoňy Isa Mesihiň Kimdigini bilendigi üçin Pawlusyň özi hem şatdy. Ýada salalyň Isanyň söýýänler bilen Pawlus näme ederdi? Asmandan kimiň sesi geldi? Pawlusyň gözlerine näme bolupdy? Pawlus dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Pawlus durmuşynyň galanyny nämä bagyş etdi? Öz saýlawyň hakda oýlan Haýsy hem bolsa bir adam hakda öz pikiriňi üýtgetmeli bolduňmy? Şeýle etmegiňe näme sebäp boldy? Sen adamlara oňat düşünýäňmi? Sen nädip Isa hakda gowy bilip bilersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Gözleriňi ýumup, özüňiň Pawlusdygyňy göz öňüňe getir. Kimdir birinden haýyş et we ol seniň eliňden tutup, özüňiň ýekelikde bolup biljek ýeriňe eltsin. Indi bolsa özüňiň nähili nädogry hereketleri edendigiňi «görüp» bileriň ýaly, Isadan kömek dile. Onsoň şol hereketleriňi gaýdyp gaýtalamazlygyňa kömek etmegini Ondan haýyş et. Haçan-da biz nädogry hereket etmegimizi bes edenimizde, Isany söýýändigimizi görkezýändiris. Dileg edeliň Hudaý, özümize oňat hereketleri ýamanlaryndan tapawutlandyrmaga kömek edýändigiň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Bize dogry hereket etmegi öwret. Isanyň ady bilen. Omyn. Güler ýüz bilen garşy almak Resullaryň işleri 16:6–15 LIDIÝA HUDAÝYŇ HYZMATKÄRLERINE KÖMEK ETDIMI? ÝA-DA OL ÖZ IŞLERI BILEN MEŞGULLANMAGYNY DOWAM ETDIRDIMI? Pawlusyň Isanyň Kimdigini bileninden soň, ol bütin dünýä syýahat edip başlady. Ol ähli adamlara Isa hakda gürrüň bermek isleýärdi. Bir gezek Pawlus geň bir düýş görýär. Onuň düýşüne makedoniýaly bir adam girýär. Ol Pawlusyň Makedoniýa gelip, onuň halkyna kömek etmegini dileýär. Şonuň üçin hem ertesi gün Pawlus gämä münüp, Makedoniýa ugraýar. Pawlus bilen bile ol ýere Isanyň birnäçe dostlary: Silas, Timoteus we Luka hem gitdiler. Ertesi gün olar uly şähere baryp ýetdiler. Şol şäheriň golaýyndan derýa akyp geçýärdi. Ine-de, Hudaýyň güni bolan sabat güni Pawlus dostlary bilen şäherden çykyp, derýanyň boýuna gitdiler. Olar şol ýerde Hudaýyň halkyndan käbirlerini tapyp, olar bilen bile dileg etmäge umyt edýärdiler. Kenarda birnäçe aýallary görüp, syýahatçylar olaryň ýanlarynda oturdylar. Pawlus olara Isa hakda gürrüň bermäge başlady. Ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny we oturanlaryň ählisini söýýändigini aýtdy. Pawlusa hyzmat edýän aýallaryň birine Lidiýa diýýärdiler. Onuň öz işi bardy: ol gyrmyzy geýim satýardy. Lidiýa Hudaýa ynanýardy, emma Isa hakda hiç zat bilmeýärdi. Haçanda Pawlus aýallar bilen gürrüň edende, Hudaý Lidiýanyň eşidenlerine ynanmagyna kömek etdi. Indi ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny bilýärdi. Lidiýa özüniň Isa ynandygyny beýleki adamlaryň hem bilmekleri üçin, suwda çokundyrylmak isledi. Tizara onuň bütin maşgalasy suwda çokundyrylmak! Şeýlelikde, Lidiýa wajyp saýlaw etmelidi. Ol öz öýünde Hudaýyň hyzmatkärleriniň galmaklaryny haýyş edip bilerdi. Şonda ol şäheriň beýleki ýaşaýjylary bilen bile Isa hakda we Onuň adamlara bolan söýgüsi hakda ýenede känzat eşidip bilerdi. Ýa-da Lidiýa Pawlus we onuň dostlary bilen hoşlaşyp, özüni gaty işli ýaly alyp baryp bilerdi. Lidiýa näme etdikä? Ol Pawlusy öz öýüne çagyrdy. Lidiýanyň şu hereketi sebäpli, bu şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi Hudaýyň Ogly hakynda bildiler. Öz hyzmatkärlerini Lidiýanyň şeýle güler ýüz bilen garşy alandygy üçin Hudaý şatdy. Şondan soň Lidiýa hem Hudaýyň kömekçisi boldy. Bu bolsa oňa bagt getirdi. Ýada salalyň Näme üçin Pawlus we onuň dostlary derýanyň kenaryna gitdiler? Olar ol ýerde nähili adamlary gözleýärdiler? Pawlusdan Lidiýa näme hakda bildi? Lidiýa nädip Hudaýyň kömekçisi boldy? Lidiýa dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Öz saýlawyň hakda oýlan Käwagtlar özlerinden Hudaýyň garaşýan işini ýerine ýetirerleri ýaly, çagalar hem edil ulular ýaly gaty işli bolýarlar. Sen nähili gündelik işler bilen meşgullanýarsyň? Nähili söýgüli işleriň üçin sen hemişe-de wagt tapýarsyň? Dogry saýlaw etmegi öwren Bir kagyz alyp, oňa özüňiň nähili gündelik işleriň bilen meşgullanýandygyňy ýaz. Şeýle-de, boş wagtyň bolanda, näme etmegi halaýandygyňy hem ýaz. Isa hyzmat etmek üçin wagt tapmak — hemişe-de dogry karardyr. Dileg edeliň Hudaý, Saňa hyzmat üçin hemişe wagt tapyp bilmegimize kömek et. Biz Seni söýýäris. Isanyň ady bilen. Omyn. Hudaýa zyndanda alkyş aýtmak Resullaryň işleri 16:16–36 HAÇAN-DA HAS KYN BOLANDA-DA, PAWLUS HUDAÝA BIL BAGLADYMY? ÝA-DA OL HEMIŞE HUDAÝA BIL BAGLAMAÝARDYMY? Pawlusyň wagyzlaryny eşitmek köplere ýaraýardy. Ol olara Isa ynanmaklygy öwredýärdi. Emma häkimlige we baýlyga ymtylýanlar Hudaýyň söýgüsine düşünip bilmeýärdiler. Pawlusyň wagyzlary şeýle adamlaryň gaharyny getirýärdi. Bir gezek birnäçe adam Pawlus bilen onuň dosty Silasy tutup, zyndana taşladylar. Näme üçin? Çünki zyndanda olar halka Isa hakda gürrüň berip bilmezdiler. Zyndanda Pawlus bilen Silasa gaty kyndy. Zyndanyň başlygy olaryň hiç haçan azatlyga çykmazlary ýaly, elinden gelenini edipdi. Gapydyr aýnalardaky demir gözenekler azatlyk hakda arzuw etmäge-de mümkinçilik bermeýärdi. Aýaklaryna daňylan zynjyrlar hereket etmäge goýmaýardy. Olar hemişe zyndanyň garaňkysynda oturmaga mejburdylar. Şeýlelikde, Pawlus bilen Silas wajyp saýlaw etmelidiler. Olar umytdan düşmän bilerdiler, çünki zyndanda-da Hudaý olar bilendi. Olar özleri hakda Hudaýyň alada etjekdigine umyt baglap bilerdiler. Ýa-da Pawlus bilen Silas lapykeçlige düşüp, gözýaş döküp bilerdiler. Iki dost hatda öz güýçleri bilen zyndandan boşamaga synanyşyp bilerdiler. Emma şeýle ýagdaýda olara ölümiň garaşjakdygy anykdy. Pawlus bilen Silas näme etdikäler? Olar öňküleri ýaly Hudaýa bil bagladylar we gaýga batmadylar. Gije olar Hudaýa dileg edip, aýdym aýdyp başladylar! Olary zyndandakylaryň ählisi eşidýärdiler we olar hem Hudaýyň söýgüsi hakda eşitdiler. Birden ýer titredi. Ol şeýle bir güýçli titredi welin, hatda zyndanyň gapylary açyldy! Olaryň daňylgy bolan zynjyrlary hem üzülip gitdi! Zyndanyň garawuly gorka düşüpdi. Emma Pawlus ony köşeşdirdi: — Howsala düşme! Biziň barymyz şu ýerde. Şeýle sözlerden soň zyndanyň garawuly özüniň günälerinden nädip halas bolup biljekdigi hakynda bilmek isledi. Ol hem Pawlus bilen Silasyň Hudaýa dileg edip, aýdym aýdanlaryny eşidipdi. Ol olaryň özüne Hudaý hakda gürrüň berip biljekdiklerini bilýärdi. Pawlus bilen Silas oňa: «Isa ynan we halas bolarsyň» diýdiler. Garawul hem ynandy! Ol Pawlus bilen Silasy öz öýüne çagyrdy. Şol ýerde öňki zyndanda bolanlar onuň maşgalasyna Isa hakda gürrüň berdiler we olary diňlänleriň bary Oňa ynandylar. Zyndanyň garawuly Pawlus bilen Silasy naharlady. Daňdan bolsa ol olara: «Gidiberiň. Indi siz azatsyňyz» diýdi. Pawlus bilen Silasyň Özüne bil baglandyklary üçin Hudaý olardan hoşaldy. Iki dost hem zyndanda-da Isa bolan wepalylyklaryny saklandyklary üçin şatdylar. Hatda iň agyr ýagdaýlarda-da ruhdan düşmeli däldigine olar düşündiler. Görnüşi ýaly, bu täsin gije boldy! Ýada salalyň Näme üçin Pawlusy we Silasy zyndana taşladylar? Zyndanda olar batdylarmy ýa-da gaýga ruhdan düşmedilermi? Pawlus bilen Silas dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Nädip olar zyndanyň garawulyna kömek etdiler? Öz saýlawyň hakda oýlan Ähli zadyň bolmalysy ýaly bolmaýan günleri sende boldumy? Aýdym aýtmak, dileg we Hudaýa bil baglamak nädip saňa kynçylyklarda kömek etdi? Indiki gezek gamgyn bolanyňda, sen näme edersiň? Dogry saýlaw etmegi öwren Haçan-da sen ata-eneň bilen maşyn dyknyşygynda bolanyňda ýa-da gök gümmürdisi wagtynda köçede bolanyňda näme etjekdigiň hakynda oýlan. Belki-de, sen mesihi aýdymlaryny aýdarsyň. Belki-de, Mukaddes Kitap taryhlaryny gürrüň berersiň. Biz Hudaýa hatda iň kyn wagtlarda-da bil baglamalydyrys. Dileg edeliň Hudaý, iň agyr ýagdaýlarymyzda-da Seniň öz ýanymyzda galýandygyň üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Hemişe Saňa bil baglamagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn. Hemmelere öwrediň Resullaryň işleri 18 APOLLOS ÖZÜNÜŇ MUGALLYMLARYNA GULAK ASDYMY? ÝA-DA OL ÖZÜNIŇ ISA HAKDA BILMEGINI WAJYP DÄL DIÝIP HASAPLADYMY? Pawlusy zyndandan azat edenlerinden soň, ol özüniň syýahatyny dowam etdirdi. Ol bir ýerden başga ýere baryp, Isa hakda gürrüň berýärdi. Bir gezek Pawlus bir şähere geldi we bu şäherde ol täze dostlaryny tapdy. Bular Akila bilen onuň aýaly Priskillady. Pawlus özüniň täze dostlarynyň öýünde ýaşady we olar bilen bile çadyr ýasaýardy. Hepdäniň ýekşenbe güni Pawlus sinagoga barýardy. Adamlaryň Hudaýa sežde etmäge barýan ýerine şeýle diýýärdiler. Sinagogadaky ähli dileg edýän adamlar Hudaýy söýýärdiler. Emma olar Onuň Ogly Isa hakda hiç zat bilmeýärdiler. Haçan-da Pawlus olara Isa hakda gürrüň berende, birleri oňa ynanmadylar, beýlekileri bolsa ynanyp, Hudaýyň Ogluny söýdüler. Onsoň Pawlus başga öýe göçdi we şol ýerde bir ýyldan gowrak ýaşady. Bu wagtyň içinde ol Isa hakda wagyz edip, adamlara öwredýärdi. Ahyrsoňy Pawlusyň bu şäherden gitmeli wagty gelip ýetdi. Onuň başga şäherlere baryp, ol ýerlerde-de Isa hakda gürrüň bermegini Hudaý isleýärdi. Pawlusyň täze dostlary bolan Akila we Priskilla hem onuň bilen bile gitdiler. Dostlar başga şähere geldiler we Pawlus ýene-de ençeme adamlara wagyz etdi. Haçan-da ol öz syýahatyny dowam etdirjek bolanda, Akila bilen Priskilla onuň bilen gitmediler. Bir gezek sabat güni Akila bilen Priskilla sinagoga geldiler. Hudaýa sežde edilýän bu ýer Akila bilen Priskillanyň häzirki ýaşaýan şäherinde ýerleşýärdi. Sinagogada wagyz edýän adamyň adyna Apollos diýýärdiler. Ol oňat mugallymdy. Emma Pawlusyň dostlary bu wagyzçynyň Isa hakda bilmeýändiklerine düşündiler. Wagyzdan soň Akila bilen Priskilla Apollosyň ýanyna baryp, onuň bilen gürleşmek isleýändiklerini aýtdylar. Rugsat alyp, olar özlerine Pawlusyň öwredişi boýunça, Apollosa Isa hakda gürrüň berdiler. Şeýlelikde, Apollos wajyp saýlaw etmelidi. Ol Akilla bilen Priskillanyň Isa hakynda berýän gürrüňlerini diňläp bilerdi. Ol bu erkek bilen aýala özleriniň bilen zatlaryny özüne öwretmäge rugsat berip, onsoň özü-de beýlekilere gürrüň berip bilerdi. Ýa-da ol Akila bilen Priskilla olary diňlemek islemeýändigini, Hudaý hakda bilmeli zatlary bireýýäm özüniň bilýändigini aýdyp bilerdi. Apollos näme etdikä? Ol Akila bilen Priskillanyň özüne Isa hakda beren gürrüňlerini üns berip diňledi. Şondan soň ol başga şäherlere baryp, Hudaýyň ogly hakda gürrüň berdi. Ol adamlara Isanyň Kim bolandygyna düşünmäge kömek etdi. Ol olara: «Siz özüňize Hudaýyň kimdir birini ibermegine garaşýarsyňyz. Emma Hudaý bireýýäm Isany goýberdi! Ol Hudaýyň Ogly. Isa siziň garaşýanyňyzdyr. Apollos arkaly köp adamlar Isa hakynda bildiler. Apollosyň Akila bilen Priskillany diňläni üçin Hudaý şatdy. Olar gaty oňat gürrüň berdiler we Apollos hem üns berip diňledi. Ol Hudaýyň Ogly Isa hakda bar zady bildi. Soňy bilen Apollos hem oňat wagyzçy boldy! Ýada salalyň Pawlus özüniň täze dostlarynyň öýünde nähili işi ýerine ýetirdi? Pawlus bilen bile başga şähere kim gitdi? Akila bilen Priskilla Apollosa kim hakda gürrüň bermek islediler? Apollos dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Soňy bilen Apollos beýleki adamlara kim hakda gürrüň berdi? Öz saýlawyň hakda oýlan Sen Isa hakda eýýäm näme bilýäň? Sen Ol hakda köpräk bilmek isleýäňmi? Eger ýadyňda bolsa, Apollos uly ýaşly adamdy, emma Isa hakda gürrüň bereri ýaly, ol hem kän zatlary bilmelidi! Dogry saýlaw etmegi öwren Isa hakyndaky taryhlaryň özüň üçin iň söýgülisini saýla we onda özüň üçin täze zatlary açmaga synanyş. Onsoň özüňiň gurjaklaryňy ýa-da oýunjak haýwanlaryňy oturdyp, olara bu taryhy gürrüň ber. Şondan soň sen ony haýsydyr bir adama gürrüň berip bilersiň. Isa hakda mümkin boldugyndan kän zatlary bilmek kararyny kabul etmek bilen, biz iň dogry saýlawy edýändiris. Dileg edeliň Hudaý, özümize Isa hakda gürrüň berýän we öwredýän Mukaddes Kitap taryhlary üçin Saňa minnetdarlyk bildirýäris. Öz mugallymlarymyz üçin Saňa minnetdardyrys. Olar bize Mukaddes Kitabyň näme hakda gürrüň berýändigine düşünmegimize kömek edýärler. Isanyň ady bilen. Omyn.