Joş Makdauell we Bob Hostetler HYÝALY ROWAÝATLAR WE HAKYKAT MINNETDARLYK Meniň kitaplarymyň biri çap edileninde, däp bolşy ýaly, bu işine wepaly adamlaryň bilelikdäki janypkeşliginiň netijesi bolýar. Men özümi olaryň öňünde bergili saýýaryn. Bu kitap hem düzgünden çykma däl. Meniň bilen ýazarlyk eden Bob Hostetler bilen tanyşdyrany üçin «Word publishing» neşirýatyndaky Joui Poula, Bob bilen bile şu kitabyň gutarnykly görnüşini işläp düzen Deýw Bellise, aýratynam Bob Hostetleriň özüne minnetdarlygymy bildirýärin. Bob ýaly döredijilikli we zehinli adam bilen işlemek meniň üçin uly hormat boldy. Onuň düşgürliginiň, degişgenliginiň we ukybynyň maňa kömek edişi ýaly, size-de kömek etjekdigine ynanýaryn. Bu kitap bilelikdäki zähmetiň miwesi bolsa-da, Bob aýratyn öwgä mynasypdyr. Joş Makdauell ÝAZARLARDAN Bu kitapda öz durmuşymdan bolşy ýaly, Bobuň durmuşyndan hem mysallar getirildi. Okamak we düşünmek aňsat bolar ýaly, biz wakalary menlik ýöňkemede ýazmagy makul bildik. Joş Makdauell GIRIŞ Onuň Pikasso ýaly zehinli bolan bolmagy mümkin. Ýöne olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Pikasso surat çekipdir, biziň gahrymanymyz bolsa — ýasama pul ýasapdyr. Ol öz işine örän ussat bolupdyr. Onuň ussatlygy barada rowaýatlar ýaýrapdy. Ol ýasama pullary ýasaýan möhürçeleriň toplumyny kämillige ýetirjek bolup, olaryň üstünde bütin bir ýyl zähmet çekdi. Şol möhürçeler şu wagta çenli ýasalan möhürçeleriň iň gowulary bolupdy. Bu «suratkeş» özüni barlamaga gelen ýörite toparyň işgärlerini barlap görmek isledi. Ol öz eli bilen ýasan 20 dollarlyk puluny nusga bolup hyzmat eden 20 dollarlyk puluň ýanynda goýýar-da: «Şu iki puluň arasyndaky tapawudy tapyp bilmejegiňize jedelem edeýin» diýýär. Gaznaçy jedel edip oturmady-da: «Olaryň hiç hili tapawudy ýok, sebäbi siziň nusgalyk üçin alan puluňyzam ýasama» diýýär. Häzirki döwürde köp ýetginjek-mesihilerem edil şunuň ýaly oýny oýnaýarlar. Olar gürrüňsiz öz ene-atalarynyň ynanýan zatlaryny iman hökmünde kabul edýärler. Şeýle hem öz dostlarynyň nukdaý-nazarlaryny köre-körlük bilen paýlaşýarlar. Jemgyýetde kabul edilen gymmatlyklary özleşdirýärler. Öz ýygnagyna mahsus bolan häsiýetleri göçürýärler. Emma gynansak-da, olaryň öýkünýän zatlarynyň köpüsi, aslynda, ýasama pul ýasaýan adamly wakadaky ýaly ýasama. Kollejde Mukaddes Kitaby bütindünýä edebiýatyny okamak boýunça sanawa goşmak baradaky teklibi garşy alyşlary Ennini aňk etdi. Käbirleri öz pikirlerini beýan edip: «Sen oýun edýänsiň. Elbetde, Mukaddes Kitapda ajaýyp hyýaly rowaýatlar we toslamalar köp, ýöne olaryň hemmesine biziň ynanmagymyzy isleýän dälsiň-dä?» diýdiler. On alty ýaşly Samanta oýlanmazdan, giň ýaýran nukdaý-nazary şeýle beýan edýär: «Mesihileriň, buddistleriň we musulmanlaryň arasynda uly tapawut ýok. Hemme dinleriňem özeni bir. Biziň hemmämizem behişde barmak isleýäris, ýöne ol ýere barmak üçin dürli ýollary saýlaýarys». Ken hemişe ýigitler bilen gyzlaryň arasyndaky gatnaşygy diýseň ýönekeýdir öýdüp göz öňüne getirýärdi. Onuň düşünişine görä, şeýle gatnaşyklar jyns gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydy, ýagny: «Şu işi edýänçäň, sen erkek däl!» diýen pikiri bardy. Jyns gatnaşykly durmuşyň başlangyjy — bu Ken üçin oglanjygyň erkek adam bolmagynyň aýratyn kadasydy. Stefaniniň ene-atasy bilen eden aç-açan gürrüňi onuň edýän pikirleriniň biriniň üstüni açdy. Ol: «Nämäniň gowudygy, nämäniň ertbetdigi baradaky pikiriňiz bilen ylalaşmaga siz meni mejbur edip bilmersiňiz. Men 18 ýaşap barýan, maňa öwüt-nesihat bermäňizi bes ediň. Eger siz bir zady erbet hasaplaýan bolsaňyz, bu şol zadyň meniň üçin hem erbetdigini aňlatmaýar» diýip aýtdy. Hakykat nirede, ýalňyşlyk nirede? Ýaşlar we ýetginjekler şu meselä her ädimde gabat gelýärler. Ene-atalаry olara bir zat diýýärler, dostlary başga bir zat. Golliwudyň kinofilmleri durmuşyň bir görnüşini wagyz edýär, ýygnak bolsa onuň ýaly ýaşamaly däldigini aýdýar. Käwagt bu hakykatdanam adalatly, ýöne köplenç olaryň aňyrsynda bary-ýogy toslamalar ýatyr. Biziň kitabymyzyň her bir baby şol babyň materiallary boýunça düzülen kiçijik ýumuş we Mukaddes Kitapdan alnan berkidiji aýatlar bilen gutarýar. Şu sahypalarda berlen toslamalaryň esassyzdygyna, biderekdigine göz ýetireniňizden soň siz «içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar bolarsyňyz» (1 Petrus 3:15) diýip, ýazarlar umyt edýär. Mundan başga-da, goý, siziň ynamyňyz Hudaýyň Sözüni ýoýýan ýa-da oňa garşy bolýan, hiç kimde garşylyk oýarmaýan beýleki toslamalara garşy durmaga taýýar bolan derejede össün. HUDAÝ BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 1. ASMAN POLISEÝI Hudaýyň diňe başgalaryň keýpine sogan dogramak bilen meşgullanýandygy baradaky hyýaly rowaýat Köp adamlar Hudaýy ulag hereketlerini tertipleşdirýän adam ýaly, galaktikanyň merkezinde duran asman poliseýi görnüşinde göz öňüne getirýärler. «Eý, siz! Hawa-hawa, siz. Göwnüme bolmasa, siz ol ýerde keýp çekýän ýaly-la. Derrew hemmesini bes ediň!» «Näme, siziň eliňizde wideokasseta barmy? Haýsy ýaşdakylara niýetlenen? On alty ýaşdan kiçilere seretmek gadagan? Hany, samsyklyk etmezden, ýuwaşlyk bilen ony maňa beriň!» «Garaňky burçda ogşaşyp duran goşa gumry kim? Ä-hä, Sindi, bu senmi? Robert, elbetde, bu sensiňle, dagy kim bolsun! Gaýdyp şeýle zady göräýmäýin. Hiç bolmanda men şu etraba garawulçylyk edýärkäm, şeýle zat bolmasyn!» Hudaý diňe başgalaryň durmuşyny zäherlemek bilen meşgullanýar. Bize bary-ýogy bir gerek zat — bu azajyk şagalaň ahyryn. Emma Hudaý hemme zada päsgel bermäge çalyşýar. Biz şeýtany şagalaňy söýýän jynjagaz hökmünde göz öňüne getirýäris. Degişmeçi Filip Wilson hemişe ulanylýan jümläni ulanyp: «Muny etmäge meni şeýtan iteklän ýaly boldy» diýýär. Şeýle pikir kellä gelýär, ýagny «dostumyz» bolan şeýtan wagtymyzy şagalaňlyrak geçirmegimiz üçin diňe bize kömek etmek barada pikir edýär. Bu ýalan. Şeýtanyň biziň şadyýandygymyz ýa-da däldigimiz bilen işi ýok. Ol bizi gaty ýigrenýär. Ol biziň üstümize topuljak bolup, amatly ýagdaýa garaşyp dur. Resul Petrusyň aýdyşy ýaly, şeýtan elmydama «ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Petrus 5:8). Mukaddes topraga syýahat edýän syýahatçylaryň toparyna ýolbeletlik edýän adam, syýahatçylara ýurduň bir aýratynlygy barada gürrüň berýär: «Mümkin, siz öz ýurduňyzda sürini meýdanlarda we ýollarda yzyndan ýöräp sürýän çopanlary görensiňiz. Palestinada bolsa hemme zat başgaça — çopan hemişe ýol görkezip, süriniň öňünden ýöreýär». Syýahatçylar birinji sürä gabat gelenlerinde, gören zatlary olaryň gülküsini tutdurdy. Çopan süriniň öňünden däl-de, yzyndan barýardy. Muňa geň galan ýolbelet: «Siz näme üçin goýunlaryň yzyndan barýarsyňyz? Men Günortada çopanlar süriniň öňünden ýöreýär öýdýärdim» diýip soraýar. «Gaty dogry aýdýaňyz. Çopan goýunlary öz yzyna düşürýär. Ýöne men çopan däl-de, gassap» diýip jogap berýär. Ine, şeýtan hem şunuň ýaly gassap. Ol size şatlyk ýa-da lezzet bermek üçin urunmaýar. Onuň ýeke-täk urunýan zady — bu sizi ýuwutmak. Isa aşakdaky sözleri aýdanda bu hyýaly rowaýaty öz ýerine goýdy, ýagny puç etdi. Ogry (şeýtan) diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun (ýaşaýşa eýe bolsun), gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim. Ýahýa 10:10 Siz şadyýanmy ýa-da ýok, bu şeýtanyň piňine-de däl. Onuň isleýän ýeke-täk zady — bu sizi ogurlamak, öldürmek we heläk etmek. Hudaý bolsa asla siziň şagalaňyňyzy bozmak islemeýär. Ol siziň durmuşdan lezzet almagyňyzy, onda-da doly lezzet almagyňyzy isleýär. Ol siziň durmuşyň şatlygyny, mezmurçynyň aýdýan «hözirini» doly duýmagyňyzy isleýär. Sen maňa ýaşaýyş ýoluny görkezersiň; doly şatlyk Seniň huzuryňdadyr; sagyňda çäksiz hözirler bardyr. Mezmur 16:11 Özüň göz ýetir Ýürege düşgünç adam baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. 1 Petrus 5:8 oka. Bu aýatda şeýtan nähili suratlandyrylan? Näme üçin? Eýýubyň kitabynyň 2-nji babynyň 1-8-nji aýatlaryny oka. Şeýtan Eýýuby synamagy nädip oýlap tapdy? Näme üçin? Zakarýa pygamberiň kitabynyň 3-nji babynyň 1-nji aýadyny oka. Şeýtan Isa babatda özüni nähili alyp barmakçy bolýar? Ylham 12:10 oka. Bu aýatda şeýtan barada gürrüň berilýär. «Gije we gündiz» ol näme etdi? Eýýubyň we Zakarýa pygamberiň kitaplaryndan alnan, häzirjek okan aýatlaryňa esaslanyp, «biziň doganlarymyz» diýlende kim barada gürrüň berilýär? Şol sözler saňa-da degişlimi? 2. «ÝYLDYZLAR URUŞLARYNDAKY» LÝUKUŇ HUDAÝY Hudaýyň göze görünmeýän güýçdigi baradaky hyýaly rowaýat «Çäge adamlardan» ýaňyja gaçyp gutulan Lýuk Skaýuolker sportanly Obaý-wan Kenobiniň ýaşaýan ýeri bolan Tatuin planetasyna düşýär. Lýuk Obaý-wanyň öz kakasy bilen maşynlar urşunda söweşen rysardygynyň anygyna ýetýär. Obaý-wan oňa bir wagtlar öz kakasyna degişli bolan ýanyp duran gylyjy berýär we gürrüňdeşlikde syrly «güýç» diýen sözi ulanýar. «Güýç?» — diýip, Lýuk gaýtalap soraýar. Şonda Obaý-wan şeýle jogap berýär: «Bilýäňmi näme. Güýç — bu rysara öz ygtyýaryny berýän zatdyr. Bu ähli janly-jandarlaryň döredýän energetik meýdanydyr. Ol biziň daş-töweregimizde hemme ýerde, hatda içimizde-de bar. Bütin galaktika şol güýje daýanýar». «Ýyldyzlar uruşlary» filminiň iň meşhur bölüminde şuňa meňzeş giň ýaýran aňyýet aýan edilýär. Hudaýy haýsydyr bir «güýç» hökmünde göz öňüne getirmek bilen, köp adamlar şeýle nukdaý-nazarda saklanýarlar. Olar üçin Hudaý — bu haýsydyr bir syrly ýol bilen älem-jahana aralaşyp, ony dolandyrýan ýüzsüz, şekilsiz «energiýadyr». Emma bu hem öz gezeginde ýene-de bir hyýaly rowaýat. Hudaýyň hemme ýerdedigi we bütin jahany dolandyrýandygy gürrüňsizdir. Ýöne bu Onuň haýsydyr bir syrly «güýçdügini», «bir ýerlerde» bolýan, tutup bolmaýan «energiýadygyny» aňlatmaýar. Ol «näbelli bolan bir zat» däl. Her neneň geň galdyryjy eşidilýän bolsa-da, Hudaý — Şahsyýetdir. Ol: «Meni söýýänleri söýýärin, yhlas bilen agtarýanlar Meni tapar» diýýär (Süleým. Tyms. 8:17). Hudaýyň «Meni... men... meni... men» diýen at çalyşmalaryny ulanyşyna üns beriň. Ol asman energiýasyna meňzeýärmi? Näbelli bolan ýüzsüz güýç bilen hiç hili umumylygy bolmadyk Hudaý Mukaddes Kitapda biziň öňümizde «Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy» hökmünde peýda bolýar (Çykyş 3:15). Ol Öz adyny Musa açýar. Özüni ýetginjek Şamuwele görkezýär. Ybadathanada Işaýa bilen gürleşýär. Ýeremiýa pygambere: «Ýatgyda peýda etmezimden ozal seni tanaýardym» diýip ýüzlenýär (Ýer.1:5). Resul Pawlus Ony: «Meniň Hudaýym» diýip atlandyrýar. Dawut patyşa bolsa Oňa: «Ýetimleriň Atasy hem-de dul hatynlaryň tarapdary» diýýär. Hemme mesihiler «ogullyk Ruhuny» alandyrlar, şonuň üçin hem Hudaýa «Abba, Ata» diýip bilerler (Riml.8:15). Hudaý — hakyky Hudaý. Ol hut seniň bilen gyzyklanýar. Ol seniň adyňy bilýär. Ol Öz halkyna şeýle ýüzlenýär: «Ine, Men seni Öz aýalaryma ýazdym» (Işaýa 49:16). Resul Petrus: «Ol siziň gamhoruňyzdyr» diýýär (1 Petrus 5:7). Isa: «Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr» diýýär (Matta 10:30). Hudaý şeýle wada berdi: Meni çagyrsaňyz, gidip Maňa dileg etseňiz, Menem sizi eşiderin; siz Meni gözlärsiňiz, eger Meni çyn ýürekden gözleseňiz, taparsyňyz. Ýeremiýa 29:12–13 Muny Hudaý hut saňa wada berdi. Özüň göz ýetir Bu ýumuş saňa Hudaýyň ýüzsüz keşpdigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmäge kömek eder. Şu babyň soňky aksetirinde berlen, Ýeremiýa pygamberiň kitabynyň 29-njy babyndan alnan 12–13-nji aýatlary oka. Şol aýatlardaky ähli at çalyşmalary («men», «sen», «meni») belle. Şu bapda getirilen Ýeremiýa pygamberiň kitabyndan alnan bölejigi tap (Ýeremiýa 1:5). Bu yerdäki at çalyşmalarynyň daşyny çyz. Musanyň ikinji kitabyndan Hudaýyň Musa bilen başlan duşuşygy barada oka (Çykyş 3:1–15). Hudaý 6-njy aýatda Musa Özüni nähili tanatdy? 14-nji aýatda Ol Özüni nähili atlandyrýar? Bu aýatlarda Hudaý «Men» diýen at çalyşmasyny naçe gezek ulanýar? (sana we jogabyny şu ýere ýaz ). 3. MÄHIRLI AÝAZ BABA Hudaýyň Aýaz Baba meňzeşdigi baradaky hyýaly rowaýat Näme diýsene Reb, men Saňa Özüňiň bardygyňy subut etmegiň üçin mümkinçilik bermekçi». Bob öz krowadynyň ýanynda dyzyna çöküp oturdy. Ol ýedi ýaşyndady, Hudaýa bolsa, çyny bilen ynanmak isleýärdi. Şonuň üçin hem ol özüniň gyňyr çypar kellesini bir-birini berk gysyp duran elleriniň üstüne egdi-de, dileg etdi. «Hudaý, men hakykatdanam Saňa ynanmak isleýärin. Eger ertir irden oýanan wagtym öz krowadymyň aşagyndan million dollar tapsam, Seniň hakykatdan hem bardygyňa ynanaýyn. Şondan soň hiç haçanam Seniň bardygyňa şübhelenmärin» — diýdi. Ol şeýdip şol million dollary alyp bilmedi. Munuň sebäbi puluň onuň üçin Hudaýdan has zerur bolandygy üçin bolmagy-da mümkin. Belki-de, şol gün irden million dollaryň onuň krowadynyň aşagynda sygmadyk bolmagy-da mümkin (ol şol pullary ownuk pul görnüşinde almak isläpdi ahyryn), mundan başga-da, krowadyň aşagynda birgiden zat: «Monopoliýa» oýny, esgerjikleriň bir gideni, magnitofon, bir gujak hapa eşik, tozan basyp giden towşanjyklar we aýyjyklar ýatyrdy. Şol gün krowadynyň aşagynda puluň bolmanlygynyň sebäbi, onuň Hudaý baradaky pikiriniň nädogry bolandygynda bolmagy gaty mümkin. Bob Hudaýy suw satýan awtomata meňzedip göz öňüne getirýärdi. Onuň pikiriçe, eger dileg edip, özüňe gerek zadyň suraty çekilen düwmejigi bassaň, islegiň amala aşýardy. Ýa-da Hudaýyň keşbi onuň üçin gar basan bir ýerlerde Bobuň islegini ýerine ýetirjek bolup, amatly ýagdaýa garaşyp oturan Aýaz Babanyň keşbi bilen utgaşyp gidýär. Elbetde, bu zatlar onuň çyn ýürekden dileg eden we güýçli ynanan ýagdaýynda bolýar. Ol bu şertleri ýerine ýetiren badyna, Hudaý — me saňa! — ýedi ýaşly çaga gökden göwnüniň islän zadyny inderer. Näme diýseňem çagada şunuň ýaly pikirleriň bolýandygyna düşünmek mümkin. Emma gynansak-da, köp adamlar eýýäm ullakan bolansoňlaram Hudaýy isleg bildirilýän harytlary satýan, özboluşly keramatly awtomata meňzetmeklerini dowam edýärler. Olar Hudaý baradaky düşünjelerinde Aýaz Baba baradaky hyýaly rowaýatyň çäklerinden çykmaýarlar. Hudaý dileglere höwes bilen jogap berýär. Ol: «Meni çagyr — Menem saňa jogap bererin» (Ýeremiýa 33:3) diýýär. Hatda Ol: «…olar çagyrmazlaryndan ozal Men jogap bererin, olar ýene-de gürlärler, Menem olary eşiderin» diýibem wada berýär (Işaýa 65:24). Ýöne dileg etmeklik — bu isleýän zadyňy almak üçin awtomata taşlanýan teňňe däl, ynam bolsa pul taşlanan wagty basylýan düwmejik däl. Hudaý biziň hokgalarymyza we ynjyklyklarymyza boýun egmeýär. Ýedi ýaşly Bob million dollar almak üçin her neneň dileg etse-de, muňa çyn ýürekden ynansa-da, şol puly ertir irden krowadynyň aşagyndan tapyp bimedi. Munuň sebäbi Hudaýyň ony söýmeýänliginde däl. Hudaýyň dileglere jogap bermeýänliginde-de däl. Hatda krowadyň aşgynda pul goýmaga ýer tapylmandygynda-da däl. Şeýdip, millionyň peýda bolmandygynyň sebäbi, aslynda, Bob dileg etmedi-de, bolsady ekdi. Aýaz Baba baradaky hyýaly rowaýatyň tersine, Hudaý — bu sowgat we sadaka paýlap oturan gökdäki awtomat hem däl. Ol biziň ownuk-uşak isleglerimiziň hemmesindenem belentde. Ol — Söýgä beslenen gudraty güýçli Hudaý ahyryn. Öz çagalarynyň üstüne bolluk bilen dökýän söýgüsine, olaryň hem şol söýgä mynasyp jogap bermegine Ol çyny bilen garaşýar. Biz zatlary däl-de, Ony söýmeli. Özümiziň açgözlük bilen edýän dilegimize berjek jogabyna däl-de, Onuň Özüne ymtylmaly. Özümize berjek million dollary üçin däl-de, Ony söýýändigimiz hem-de Onuň halaýan adamy bolmak isleýändigimiz üçin Özüne boýun bolmagymyzy isleýär. Hudaýy her hili zat satýan awtomat ýa-da mähirli Aýaz Baba ýaly göz öňüne getirmegimizi bes eden badymyza, Onuň Sözüniň wada edişi ýaly, «Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris» (1 Ýahýa 3:22). Özüň göz ýetir Hudaýyň Aýaz Baba meňzeşdigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin, aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Aşakda getirilen her bir aýat haýsy şertlerde dileglerimize jogap beriljekdigi barada gürrüň berýär. Şol şerti bir söz bilen beýan etmek mümkin. Ony aýat bilen bir setire ýaz. 2-nji Ýyl. Ýazg. kitaby 7:14 ________________________________ Ýerem. 29:13 _____________________________________________ Markus 11:24 _____________________________________________ Ýakup 5:16 _______________________________________________ 1 Ýahýa 5:14 _____________________________________________ ISA BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 4. ISA PYGAMBER Gowy mugallym baradaky hyýaly rowaýat «Jynlar, jynjagazlar we arwahjyklar, üns bermegiňizi haýyş edýän!» Dowzahyň eýmenç gowaklarynyň birinde geçirilen kowlan perişdeleriň bolgusyz ýygnagy açyk diýip yglan edilipdi. «Onuň wagşy hezretleriniň ýolbaşçylygynda geçjek bu ýygnak bolsa, adamzadyň biziň Duşmanymyzyň mekanyna geçmeginiň öňüni almak boýunça baş ugry ara alyp maslahatlaşmaga we ony işläp düzmäge bagyşlanýar. Ýigrenjiden gelip gowşan teklibi ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýän». Durşuna tüý basan, ýürek bulandyryjy arwah öňe çykdy-da, şeýtanlar ýygnagyna tarap ýüzüni öwürdi. «Meniň näletlenen kärdeşlerim — diýip, Ýigrenji öz sözüne başlady, — okkultizmi ornaşdyrmak we her hili sektalary döretmek bilen içgin meşgullanýan, biziň ýürekgysgynç patyşalygymyzyň yşygy bolan alymlarymyza bar güýjüni Duşmanymyzyň Oglunyň adaty “gowy mugallym” bolandygy baradaky pikiri ýaýratmaga gönükdirmegini teklip edýärin». «Häý… seniň bir-ä, Ýigrenji! — diýip, onuň sag tarapynda oturan kärdeşi toýnaklaryna daýandy-da, oňa käýindi. — Aňyrsynda Duşmanymyzyň Ogluna bolan dostlukly gatnaşygyň gizlenip ýatanyny görkezýän şeýle teklibiň üçin seni düýt-müýt eder ýaly, biziň melgunlar ýygnagymyzyň eline bermeli!» Ýigrenjiniň ýanynda duran birnäçe arwahlar agzynyň suwuny akdyryp, gödek dodaklaryny ýaladylar. «Görsene, sen nähili samsyk. Meniň teklibimde hiç hili dostlukly gatnaşyk ýok» diýip, Ýigrenji garşylyk görkezdi. Soň ol hondan bärisi bolup, egnini düzedişdirdi-de: «Meniň teklibim şeýtan mekirligidir» diýdi. Ýene-de bir jyn ýerinden turdy. «Sen nädip şunuň ýaly teklibe şeýtan mekirligi diýip bilýäň?» «Sebäbi Oňa ýene bir “gowy mugallaym” diýip, Ony Musa, Zaratustra, Muhammet bilen bir hatarda goýýarys… Bu bolsa, öwgi görnüşindäki nälet bolar». Ýigrenjiniň pikiriniň bütin mekirligine düşünen märeke ýuwaşady. Siz näme üçin düşünmeýärsiňiz, samsyklar, eger adamlar Onuň diňe bir “Gowy mugallymdygyna” ynansalar, onda olar Onuň Rebdigini, Hudaýlyk tebigatynyň bardygyny bilmezler». «Ýok, bu beýle däl, — diýip, Brýuzga atly jyn garşy çykdy, — olar muňa hiç haçanam ynanmazlar! Ol Özüniň аslynda Kimdigini düşnükli aýtdy ahyryn». «Brýuzga mamla, — diýip, beýlekiler hem goh turzup başladylar. Adamlarda Kitap bar ahyryn. Olar Onuň Özi barada: «Men Ybraýym dogmazdan öň-de bardyryn» (Ýahýa 8:58) diýip aýdanyny bilýärler. Olar Onuň şöhraty Öz Atasy bilen entek dünýä ýaradylmazdan öň paýlaşandygy baradaky sözlerini okadylar». «Ine gördüňmi, samsyk, olar Onuň adamlaryň hemme pikirlerini, ýüreginiň niýetlerini bilmäge, şeýle hem günä bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyny aýdandygyny bilýärler. Onuň Özi olara: «Men gökden indim» diýip aýtdy. Onuň ölümden direlmäge ygtyýarynyň bardygyny aýdanyny, ölümden direlenini tassyklaýan şaýatlaryň bolandygyny bilýärler. Ýönekeý adam bolan “gowy mugallymyň” şuňa meňzeş zatlary edip biljegine ynanar ýaly, olar şeýle samsyk däl!» —diýip, Brýuzga sözüniň üstüni ýetirdi. «Mundan başga-da, eger Onuň Özi barada aýdanlary ýalan bolsa, onda Onuň hiç hili “gowy mugallym” bolmandygyny olar boýun almaly bolarlar… Şeýle bolsa, ýa-ha Ol ýalançy, ýa-da däli!» — diýip, Brýuzga çykyşyny dabaraly jemledi. Jaýyň içinde galmagal turdy. Ýigrenjiniň ýanynda duran jynlar onuň tizräk jezalandyrylmagyna garaşyp, agyzlarynyň suwuny akdyryp, ýene-de dodaklaryny ýalap başladylar. Emma Ýigrenji öňküsi ýaly ynamly durdy. «Men özümiň näletlenen ýoldaşlaryma biziň öz maksadymyza ýetmäge mümkinçilik berýän adam ejizligi barada ýatlatmakçy. Ölümli adamlar hakykaty bilseler-de, köplenç ýalany saýlaýarlar. Duşmanymyzyň Oglunyň Özüniň aýdyşy ýaly: “Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de ynanmazlar”». Ýigrenji it ýylgyryşyny etdi-de, özünden göwnühoş bolup, ýerine geçip oturdy. Onuň daşyny alyp duran aç jynlar bir-birlerine lapykeç nazarlaryny aýladylar. «Ýigrenjiniň teklibi arwah-jynlaryň ýygnagy tarapyndan goldanylýar, — diýip, başlyk arlap gürledi. Şu pursatdan başlap, “gowy mugallym” baradaky hyýaly rowaýaty ýaýratmak, dowzahyň resmi baş ugry diýip kabul edilýär». Özüň göz ýetir «Gowy mugallym» baradaky hyýaly rowaýatyň manysyzdygyny subut etmek üçin, aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Täze Ähtiň aýatlaryna salgylanyp, Isanyň Özi barada aýdanlaryny utgaşdyr. A. Ýahýa 10:18 «Meniň ony (janymy) pida etmäge-de, gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar». B. Markus 13:23 «Men hemme zady size öňünden aýtdym». C. Matta 24:30 «Ynsan Oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer». D. Ýahýa 8:51 «…Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez». E. Matta 12:8 «Ynsan Ogly sabat gününiň hem Rebbidir». F. Ýahýa 4:25–26 «Aýal Oňa: “Hristos diýilýän Mesihiň geljegini bilýärin…” diýdi;… Isa oňa: “Men… Şol” diýdi». G. Ýahýa 5:21 «Ogul-da islän adamlaryny direlder». H. Luka 12:9 «Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler». I. Ýahýa 11:25 «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar». J. Markus 2:10 «Ynsan Oglunyň Ýer ýüzünde günäleri öt mäge ygtyýary bar...» K. Matta 5:17 «Men… olary (kanunlary) berjaý etmäge geldim». L. Luka 5:21 «Hemmeler: “Onda Sen Hudaýyň Oglumy?” diýdiler. Ol hem olara jogap berdi: “Hudaýyň Ogludygymy siz aýdyp otyrsyňyz”». 5. ISA — DIŇE BIR MEŞHUR ADAM Super ýyldyz baradaky hyýaly rowaýat Endrýu Lloýd Weberiň XX asyryň 70-nji ýyllaryynyň başlarynda goýlan «Isa Mesih — super ýyldyz» rok-operasy çürt-kesik garşydaş seslenmeleri aýaga galdyrdy. Köpler muňa «Hudaýa dil ýetirme» diýdiler, başga birleri bolsa «ajaýyp eser» diýdi. Oýnuň dowamynda Magdalaly Merýem Isa baradaky aýdymy aýdýar. Ol aýdym bolsa, birazrak wagtdan soň ähli radioýaýlymlarda meşhur bolýar. Ol «Men Ony nähili söýmelidigini bilmeýärin» diýen aýdymdy. Bu aýdymda Magdalaly Merýemiň Isa bolan romantik söýgüsi barada aýdylýandygy az ýaly (bu barada Mukaddes Kitapda kakdyrylyp hem aýdylmaýar), onuň gapdalyndan Isa Mesih barada ýene bir hyýaly rowaýaty ýaýradýan sözler hem bardy. Merýem aýdymda: «Ol — adam. Ol bary-ýogy adam» diýip aýdýardy. Bu hyýaly rowaýat. Isa dogrudanam adam. Ol mal ýatakda aýal tarapyndan dogruldy. Siziň haýsyňyz mal ýatakda bolup gören bolsaňyz, onda Isa doglan wagtyndaky Ony gurşap alan ysy göz öňüne getirip bilýänsiňiz — onuň iň erbet ys bolmagy mümkin. Ýöne super ýyldyz baradaky hyýaly rowaýatyň tersine, adam tebigaty — bu Isa Mesihiň tebigatynyň bary-ýogy bir bölegi. Onuň tebigatynyň iki häsiýetlidigi barada Mukaddes Kitap açyk-aýdyň aýdýar: «Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsyýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi» (Filip. 2:5-7). Birnäçe asyrlaryň dowamynda adamlar Isanyň iki häsyýetli tebigatyna düşünjek bolup köp jan çekdiler. Käwagt mesihiler (Lloýd Weber ýaly zehinli mesihi däller hem) Isanyň adamlyk tebigatyna uly ähmiýet berdiler. Bu bolsa Onuň hudaýlyk tebigatyna kölege saldy. Başga birleri bolsa, Onuň adamlyk tebigtyny ýokluk derejesine getirjek bolmaga çalyşdylar. Netijede köplerde Isa Mesih barada bir taraplaýyn pikir peýda bolýar. Emma Hudaýyň Sözi şübhä ýer goýmaýar. Ol «Hudaý» (Matta 1:23); şol bir wagtyň özünde-de sözüň doly manysynda Ol — «…ynsan bolan…Isa Mesihdir» (1 Timoteos 2:6). «Müň bir gije» atly arap nusgawy ertekisinde Bagdat halyfynyň öz halkynyň nähili ýaşaýandygyny biljek bolup, daýhan eşigini geýip, şäheriň köçelerinde gezme häsiýetiniň bolandygy barada aýdylýar. Isa bu halyf bilen deňeşdirip bolmajak derejede uly iş etdi. Ol diňe bir Özüniň patyşalyk derejesini wagtlaýynça taşlamak bilen çäklenmän, eýsem «gul keşbine girdi». Ol — Hudaý we şalaryň Şasy — gökden ýere geldi. Öz Mugallymynyň ýörän tozanly ýollaryndan ýörän, Onuň bilen ýerdäki pukara iýmiti, çöregi we balygy bile paýlaşyp iýen şägirt Ýahýa Onda Adamy görendigi barada ýazýar: Ozal-başda Söz (Isa) bardy. Söz Hudaýdady. Söz Hudaýyň Özüdi. Ýahýa 1:1 Ýahýa öz Hoş Habarynyň girişinde «Söz» diýmek bilen Ony Kim hökmünde göz öňünde tutýandygyna hiç hili şübhe galdyrmaýar. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük. Ýahýa 1:14 Özüň göz ýetir Super ýyldyz baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin bu ýumşy ýerine ýetir. Isa we Onuň şägirtleri kimiň adamlaryň seždesine mynasypdygyny bilýän ýehudylar bolupdylar. Mukaddes Kitapdan alnan aşakdaky aýatlary oka we her haýsysynyň gabadyna şol aýada laýyklykda kime sežde etmelidigi barada ýaz. Çykyş 20:3 _______________________________________ Kanun taglymaty 6:14–15 _________________________ Luka 4:8 _________________________________________ Indi bolsa, indiki aýatlary oka we Mukaddes Kitapdan alnan şu aýatlara laýyklykda kime sežde etmelidigini görkez. Matta 2:2, 11 _______________________________________ Matta 28:17 ________________________________________ Ýewreýler 1:6 ______________________________________ Mukaddes Kitabyň diňe Hudaýa sežde etmelidigini aýdýandygy üçin Isa barada gürrüň berýän aýatlaryň esasynda, seniň pikiriňçe, nähili netijä gelmeli? 6. ÝASAMA ISA Kiçigöwünli we ýumşak Isa baradaky hyýaly rowaýat Eger siz Isa gowşak häsiýetli bolupdyr we mylaýym ses bilen gürläpdir ýa-da suratkeşleriň Ony öz işlerinde görkezişi ýaly, näzijek elli mylaýym adam hökmünde göz öňüne getirýän bosaňyz, gaty ýalňyşarsyňyz. Ol Şahyr bolupdyr, bu hakykat. Ol asmandaky guşlar we meýdan gülleri barada owadan gürlemegi başarypdyr. Çörek bişirýän aýallar we torlaryny suwa taşlap duran balykçylar baradaky hekaýatlary düzen ajaýyp Hekaýatçydygy-da hakykat. Kiçijik çagalary dyzlarynda bökdürip, şatlandyran gowy Nasyraly bolandygy-da hakykat. Ol hakykatdanam häkimleriň öňünde doly rahatlyk içinde durup, ýekeje agyz hem gürlemän ajy kemsitmeleri çekip, dilsiz Bendi boldy. Şeýle-de bolsa, Isa hakyky erkek kişidi. Elleri gabarçakly agaç ussasydy. Çölde uzak wagtlap sergezdanlyk çekmäge endik eden Jahankeşdedi. Öz döwrüniň häkimlerini «aklanan mazarlar», «kör iýdijiler» we «alahöwrenler» diýip atlandyryp, olara garşy öz pikirlerini pert aýdyp bilen Adam bolupdyr. Mukaddes Kitaby öwreniji J.B. Fillips şeýle diýýär: Gowuja ýygnak nagmasyny düzer ýaly “çaga” sözi bilen şeýle az sözüň kapyýalaşýandygy örän gynandyryjy zat. Eger şeýle bolmadyk bolsa, biziň ýüz müňlerçämiziň entek çagakak öwrenen aýdymymyzyň gaýtalamasyny tiz-tizden eşitmeli bolmazdyk: Gowy Isa çaga, kiçijik çaga Mähir bilen mylaýym bakýar Ol. Biziň “mylaýym” sözüni, Öz döwrüniň dindarlarynyň garşysyna çykyp, olaryň ikiýüzlüligini açyp görkezen Adamyň; gazaply märekäniň içinden geçmäge ýürek edip, ýöne şonda-da zyýan çekmedik Adamyň; häkimleriň jemgyýet üçin howply hasaplan şeýle ähmiýetli Adamsynyň; Özüne ýagşylyk isleýän dostlarynyň ýalbarmasyna seretmezden, ölümiň Özi üçin näme aňladýandygyny bilip, ölümiň öňüne bilgeşleýin çykan şeýle batyr Adamyň garaýşyny häsyýetlendirmek üçin bilgeşleýin ulanýandygymyz aýdyň görnüp dur. Köpleriň Isa gowşak, ýüregi ýuka we zenankybap Adam hökmünde bolan garaýşy — ýene-de bir hyýaly rowaýatdyr. Ol hakykatdanam mähirlidi. Ol kiçigöwünlidi. Emma mähremligi we kiçigöwünliligi Onuň güýçsüzligini aňlatmaýar; aslynda bu gözegçilik astynda bolan güýjüň nyşany. Hoş Habara laýyklykda, Isa Hudaýyň ybadathanasyna girende, onuň içinde bolýan zatlary görüp, gazaba münýär-de, ybadathanadan satyjylary we pul çalyşýanlary Öz eli bilen kowýar (belki bu ýagdaý bir gezek bolan däldir). Olaryň biri-de bu adalatly gahara garşy çykmaga ýa-da gaýtargy bermäge het edip bilmedi. Munuň üstesine-de, Onuň ýerine islendik başga biri şeýle iş eden bolsa, onda ol gazaply jezalandyrylardy. Emma muňa seretmezden, Isa ol ýerde, Markusyň Hoş Habarynyň gürrüň berşi ýaly, diňe bir ders bermek üçin däl, eýsem söwdagärlere gaýdyp gelmäge ýol bermezlik uçin hem bolýardy. Isa erbetlige kiçigöwünlilik bilen garamaýardy. Ol ikiýüzlülere mähirli däldi. Ol ýaramaz hereketlere perwaýsyz ýylgyrmak bilen jogap bermeýärdi. Elbetde, Ol çagalary söýýän Adamdy we olary höwes bilen dyzyna alyp oturdýardy, ýöne Ol duşmanlarynyň ýüzüne dikanlap seredip bilýän Adamdy. Özüň göz ýetir Pes göwünli we ýumşak häsiýetli Isa baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Lukanyň Hoş Habarynyň 13-nji babynyň 31-33-nji aýatlaryny oka. Isanyň janyna howp abanýandygyny aýdan fariseýlere Ol nähili jogap berýär? Ol Hirodesi näme diýip atlandyrýar? Bu ýagdaý Isanyň güýçli häsiýete eýedigini görkezmeýärmi? Mattanyň Hoş Habarynyň 23-nji babynyň 1-39-njy aýatlaryny oka. Fariseýler we kanunçylar barada gürlände, Isanyň güýjüne we sözleriniň ýüz görüjilikli däldigine üns ber. Olara berýän häsiýetlendirmelerini sana: 13-nji aýat ________________________________________ 16-njy aýat _______________________________________ 17-nji aýat ________________________________________ 19-njy aýat _______________________________________ 33-nji aýat ________________________________________ 7. ISA – ARZUWÇY Hyýal kölünde ýüzýän Isa baradaky hyýaly rowaýat «Gulak as, ýigit, iki müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen, ak eşik geýip, wagtynyň köp bölegini etraplarda kaňkap, adamlara her hili ertekijikleri gürrüň beren haýsydyr bir Jahylyň meniň häzirki durmuşymda haýsydyr bir zady üýtgedip biljegini aýdyp, meni aldamagyňy bes et» diýip, Den meni gözi bilen iýäýjek boldy. Ol elini bokurdagynyň ýanyna aýlap goýberdi-de, bu zatlaryň nähili ýüregine düşendigini maňa duýdurdy. «Her hili bolgusyz zatlary diňlemäge meniň wagtym ýok, — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Bu taryhlaryň hemmesiniň basnýa diňlemegi gowy görýän aýallar we çagalar üçin gowudygyny aýdasym gelýär. Munuň olara peýda beräýmegem mümkin. Ýöne maňa däl. Bir maşynyň kemçiligini düzetjek we beýlekisiniň hereketlendirijisini bejerjek bolýan ýigide Isanyň hiç hili dahyly ýok». Den häzirki döwürde köpleriň Isa baradaky edýän pikirini gaýtalady. Olar üçin Isa — kellesiniň daşyna halka görnüşindäki şugla (şöhle) aýlanan, ak lybasa beslenip, ýylgyryp duran şahs, has takygy, awtoulagyň öňünde asylyp goýulýan plastik heýkeljagaz ýaly bir zat. Olar: «Isa hyýal kölünde ýüzýänler üçin. Uniwersitetde fizikany öwrenýänlere ýa-da fabriklerde işleýänlere, ýa-da diş üçin çagasyna plastina gerek bolanlara Onuň hiç hili dahyly ýok» diýýärler. Isanyň häzirki zaman durmuşyna dahylynyň bar bolşuny oýnawaç raketanyň asmana uçuşy ýaly edýärler. Bu hyýaly rowaýat. Buddizm we konfusianlyk ýaly mesihi däl dinleri esaslandyryjylaryň öz durmuşyny pikirlenmek we synçylyk etmek bilen geçirýän adamlar bolandygy hakykat. Isa zähmetkeş bolupdy. Ol agaç ussasydy. Men Ony gapysy Nasyranyň tozanly köçeleriniň birine bakyp duran, ýokarsynda bolsa «Agaç ussasy Ýusubyň ogly Isa» diýen ýazgy asylan ussahanada göz öňüne getirýärin. Men Onuň werstaga gysylan kedr agajynyň bir böleginiň üstüne egilip duranyny görýärin. Onuň öňünde gaýyş öňlük, maňlaýynda bolsa der damjalary bar. Ol pyçaga elini uzadýar, soň bolsa agaç çekiji alýar. Ussahananyň içini ýerde ýatan kedr agajynyň gyryndylarynyň ysy tutan. Nasyraly Isa on sekiz ýa-da ondan-da köp ýyl işläp, agaç ussasy bolmagyň ýeňil-ýelpaý iş däldigini gördi. Onuň elleri muskully bolupdy, aýalarynda bolsa gabarçaklar peýda bolupdy. Ol işi nähili alyp barmalydygy, ýagny hasabat düzmek, buýurmalary kabul etmek, baha kesmek bilenem tanyşdy. Maşgalanyň aladasyny etmegiň nämedigini-de Ol bilýärdi. Onuň Özünden kiçi inileri we uýalary bardy. Olar Ýusup dünýeden ötenden soň Isanyň eklenjinde galdylar. Ol çagalary egin-eşik bilen nädip üpjün etmelidigini ýa-da bazarda haryda nähili baha kesmelidigini gowy bilýärdi. Nasyraly Isa haýsydyr bir arzuwçyl dindarsumak däldi. Onuň dünýäsi-de edil biziňki ýaly tozanlydy, köplenç erbet yslydy. Onuň elleri hapa bolýardy. Ol köplenç düşeksiz ýerde uklamaly bolýardy. Ýerdäki durmuşy ahyrlanda bolsa, Ol derini we ganyny akdyryp, ejir çekip öldi. Şeýle-de bolsa, Isanyň durmuşy bilen seniň durmuşyň arasynda ägirt uly tapawut bar. Onuň durmuşy we ýaşaýşy «Oňa iman edenleriň» hemmesine gutulyş getirdi (Ýahýa 3:16). Özüň göz ýetir Hyýal kölünde ýüzýän Isa baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Makrusyň Hoş Habarynyň 6-njy babynyň 1-6-njy aýatlaryny oka. Onuň doglan şäheri bolan Nasyranyň adamlary Isany nähili görnüşde görmäge endik edipdirler? Isa olar üçin: • ýekemen, • synçy, • keramatly monah, • zähmetkeş bolupmydy? Şeýle hem şu bölekde Isanyň inileri we uýalary barada gürrüň berýän ýerini tap (şunuň ýaly ýerini Mattanyň Hoş Habaryndan hem tap). Olar Isadan kiçi bolupdyrlar diýip aýtmak bolarmy? Şu bölekde olaryň Isadan kiçi bolandygyny, öňküsi ýaly Nasyrada öýünde oturandyklaryny tassyklaýan başga-da sözler barmy? 8. AKÝAGYZ ISA Jyns taýdan artykmaçlyk baradaky hyýaly rowaýat Amerikalylaryň we ýewropalylaryň köpüsi Nasyraly Isany Çarlton Hestona ýa-da Wilýam Defo meňzedip suratlandyrýarlar. Ony goňras saçly, gara gözli, owadan, iň esasy zat hem akýagyz gündogarlynyň keşbinde edip görkezýärler. Onuň birneme güne ýanan bolmagy mümkin, ýöne akýagyzdygy anyk. «Akýagyzlaryň» şunuň ýaly görnüşine Kaliforniýada ýa-da Minneapolisde, ýa-da Pioriýada (Illinoýs ştatynda) gabat gelmek mümkin. Emma bu hyýaly rowaýat. Şu hyýaly rowaýaty ornaşdyrmak üçin adamlaryň we hereketleriň köpüsi jebisleşdiler. Akýagyz protestantlaryň garaýagyzlardan, ýehudylardan we beýlekileriň hemmesinden artykmaçdygyny Ku-kluks-klan wagyz edýär. Olaryň käbirleri Isa özleriniň tarapynda, sebäbi Ol hem edil olar ýaly akýagyz diýip göz öňüne getirýärler. Gitleriň milletparazlyk hereketi ýaňy döräp başlan wagty, Isanyň ölümi halk köpçüligini ýewreýleriň garşysyna gönükdirmek üçin delil hökmünde ulanyldy. Ak ariýleriň näme üçin beýlekileriň hemmesinden artykmaçdygyny milletparazlaryň «Hoş Habary» jikme-jik düşündirýärdi. Olar-da, elbetde, Isa özleriniň tarapynda diýip pikir edýärler. Sebäbi Isa-da «akýagyz» bolupdy ahyryn, şeýle dälmi? Haç göterijiler. Inkwizisiýa. Ors patyşalygyndaky derbi-dagynlyk. Gullaryň Täze Dünýä eltilmegi. Jynsyň artykmaçlygy baradaky hyýaly rowaýat köp ýigrenji jenaýatlaryň we wagşylyklaryň sebäbi boldy. Jynsyň artykmaçlygy baradaky hyýaly rowaýat enteklerem bar. Adamlar Isany öňküleri ýaly iňlis-soksans keşbinde suratlandyrýarlar. Olar Onuň suratyny näzik-gülgüne reňkde çekýärler. Olar Oňa ýewro-amerikan nusgawy keşbine degişliligi we endikleri berýän daşky sypaty berýär. Emma Isa akýagyz däldi, orta synpa-da degişli däldi. Ähtimal, Isanyň bedeniniň reňki orta amerikalynyň ya-da ýewropalynyň reňkinden has gararak bolandyr. Ol ýewreý bolup doguldy, ýewreý ýaly hem ýaşady we bütin ömrüne ýewreýligine-de galdy. Onuň Orta Gündogaryň halklarynyň hemmesiniňki ýaly bolan garaýagyz reňki akýagyz reňkli bolan Pilatusyň öňünde duranda has-da gara görnen bolmagy mümkin. Isanyň biziň dünýämize belli bir ýere belli bir wagtda gelendigine, (golliwud filmlerine mahsus edilip görkezilýän amerikan jyns alamatlaryndan has köp tapawutlanýan) belli bir jyns alamatlaryna eýe bolandygyna seretmezden, Isa sözüň giň manysynda jyns çäklerinden ýokarydyr. Ol ýahudalydy, şeýle-de bolsa, samariýaly aýal bilen arkaýyn we hormat bilen gürleşdi. Däp-dessurlar başga dine ynanýan adamlaryň öýüne girmegi ýahudalylara gadagan edýärdi. Şonda-da Rim ýüzbaşysy gelip, öýünde agyr halda ejir çekip ýatan hyzmatkärini sagaltmagyny soranda, Isa: «Baryp, ony sagaldaryn» (Matta 8:7) diýip jogap berýär. Öz gyzyny sagaltmagyny sorap, ýalbaryp yzyna düşüp ýören kenganly aýalyň imanynyň nä derejede beýikligini belläp, Isa onuň gyzyny sagaldýar (kenganlylar ir wagtdan bäri ysraýyllylaryň duşmanydy). Isa hem jyns babatdaky kemsidijiligiň pidasy bolmaly bolupdy. Bir gezek Ol Samariýanyň bir obasynyň üstünden geçmeli bolýar. Şonda Ony kabul etmeýärler, sebäbi samariýalylar Onuň Iýerusalime barýan ysraýyllydygyny bilýärler. Isanyň adam keşbini alyp düşen jemgyýetindäki adamlar üç aýratynlyk bilen tapawutlanýardylar. Olaryň hukuklary, peýdalanýan ýeňillikleri we tutýan orunlary milleti (ýewreý ýa-da ýewreý däl), synpy (gul ýa-da azat adam) we jynsy (erkek ýa-da aýal) boýunça kesgitlenilýär. Ýöne muňa seretmezden, Isa geçmişiň öňden galan ters pikirlerini çürt-kesik ýok edýän Hoş Habary getirdi. Pawlus bu pikiri açyk söz görnüşine geçirip, şeýle ýazýar: Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz. Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi. Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz. Galat. 3:26–28 Isanyň yzyna eýerýänler Oňa bedeniniň reňki ýa-da başga beden alamatlary boýunça däl-de, adamlary jynsyna, reňkine, belli bir synpa degişliligine seretmezden kabul etmeklikde we söýmeklikde meňzemeli. Bu gün biz üçin doglan Çagany, Isany ak oglan ak reňkde görýär Ol gardan-da ak liliýa ýaly Isany ak oglan ak reňkde görýär. Uklap ýatan Merýem Ogly körpe Mesihi, Isany gara oglan gara reňkde görýär Gözýaşdan halas etmä gelen Kişini, Isany gara oglan gara reňkde görýär. Gyýçak we tüsse ýaly gara gözli oglan, Isany sary oglan sary reňkde görýär. Ol dilegde Oň öňünde başyny egýär, Isany sary oglan sary reňkde görýär. Gökden inip gelen bu Halasgäri, Gyzyl oglan gyzyl reňkde görýär. Perişdelerem Hoş Habar aýdymyn aýdýar, Gyzyl oglan Isany gyzyl reňkde görýär. Dünýäň dürli reňkli çagalaryna, Bu surat şeýle görünýär Sallançakdaky Isaň ýüzi olara meňzeş, Ýylgyrşynda bagt, parahatlyk bar. Tiz kynçylygy bir gyra goýup, Betullahamda gije Doglana, Atanyň söýgüsin bize açana, Ýüregmizi söýgi bilen getireliň. «Ony çagalar görýär». Sözleri Uaýla Hatsonyňky, sazy Alfred Bertiňki, TRO ýazarlyk hukugy, 1954 (täzelenen), 1957 (täzelenen) Hollis Musik, Ing., New Ýork, N.Y. Used by permission Özüň göz ýetir Jynsy artykmaçlygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin indiki ýumşy ýerine ýetir. Aşakda getirilen Mukaddes Kitabyň aýatlaryna salgylanmalar şu bapda ýatlanyp geçilen Täze Ähtiň aýatlaryna ýa-da epizodlaryna degişlidir. Her bir aýady oka, onuň esasy manysyny ýörite goýlan setire ýaz hem-de şu babyň gyrasyna Mukaddes Kitaba gabat gelýän salgylanmalary ýaz. 1. Luka 9:51–56 __________________________________ 2. Ýahýa 4:1–26 __________________________________ 3. Galat. 3:26–28 _________________________________ 4. Matta 8:5–13 __________________________________ 5. Matta 15:21–28 ________________________________ MUKADDES KITAP BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 9. ÝEKEJE, ÝEKE-TÄK Mukaddes Kitabyň ýene-de bir beýik kitapdygy baradaky hyýaly rowaýat Elbetde, siz bu sözleri eýýäm eşidensiňiz. Belki, birnäçe gezegem eşidensiňiz. Adatça adamlar şeýle äheňde ruhy taýdan syrkawlar bilen gürleşýärler: «Siz Mukaddes Kitaby yzygiderli okaýaňyzmy? Görsene, nähili gyzykly». Başga bir gezek bolsa, dostlarça egniňize kakyp, (adatça şeýdip, diýen ediji güjüjegiň arkasyna onuň hereketini goldaýandygyňy bildirmek üçin kakýarlar) şeýle diýerler: «Näme diýsene, Mukaddes Kitap — bu gowy zat. Ol beýleki “Iliadalardan”, “Odisseýlerden” peýdalyrak». Käwagt bolsa, kitap tekjesinde Injil üçin ýer tapylandygy bilen öwünýän mugallyma ýa-da professora gabat gelersiňiz. Megerem ol bir gezegem ele alynmadyk, ýöne Platonyň «Döwleti», Wergiliniň «Eneidasy» we Şekspiriň eserleriniň doly toplumy bilen bir ýerde duran, tozan basyp giden Mukaddes Kitapdyr. Hemme kitaplar öz ýerlerinde, edebiýatyň «beýik» ajaýyp nusgalarynyň biri — Mukaddes Kitap hem olaryň arasynda dur. Bu hyýaly rowaýat. Mukaddes Kitap — bu ajaýyp nusgalaryň biri däl. Munuň ýaly başga kitap ýok. Ol — ýekeje, ýeke-täk. Eger siziň edebiýat mugallymyňyz ony okuw otagyndaky kitap tekjeleriniň birinde beýleki kitaplaryň ýanynda goýjak bolsa, sen gowusy, iň ýokary tekjede goýmak gerek bolan Mukaddes Kitap üçin ýene bir kitap şkafyny satyn almagy maslahat ber. Goý, ol şol ýerde hem ýeke-täkligine dursun. Mukaddes Kitap ýeke-täkdir. Özüniň «Hemmeler Mukaddes Kitap barada» diýen kitabynda Sindi Kollet kyrk iki ýylyň dowamynda gündogar edebiýatyny çuň öwrenen professor M. Montiro-Uilýamsyň sözlerini getirýär. Ol şeýle diýipdir: «Eger, elbetde, orän isleseňiz, beýleki kitaplary stoluňyzyň çep tarapynda goýuň; ýöne sag tarapyny Mukaddes Kitap üçin goýuň. Ony ol ýerde beýlekilerden daşrakda ýeke özüni goýuň. Ony we Gündogaryň mukaddes kitaplary diýilýänleri hiç bir kitabyň ýeňip geçip bilmejek, äpet uçudyny aýyrýandygy sebäpli… (şeýdiň)». Mukaddes Kitap — edebiýat döredijiliginiň çür depesidir. Käbirleri kitaby bütiň ömrüniň dowamynda ýazýar; Mukaddes Kitaby ýazmak üçin on alty asyr gerek boldy. Käbir kitaplar alymlar toparynyň bilelikdäki işi bolýar; Mukaddes Kitap — bu dürli gatlakly we kärli bolan kyrkdan gowrak ýazarlaryň zähmetiniň miwesidir. Ony patyşalar, daýhanlar, filosoflar, balykçylar, şahyrlar, döwlet işgärleri we alymlar ýazdylar. Ony çölde we ýerzeminde, köşkde we sürgünlikde, uruş pursadynda we parahatçylyk döwründe ýazdylar. Mukaddes Kitap üç yklymda döredildi hem üç dilde ýazyldy; ol ýüzlerçe dürli mowzuklary açyp görkezýär. Onuň içinden ýürekden syzdyrylyp ýazylan şahyrana setirleri, taryhy wakalaryň jikme-jik suratlandyrylyşyny, ünsüňi özüne çekýän terjimehallary, hatlary, ýazgylary we pygamberlikleri tapmak bolar. Şeýle-de bolsa, aklyňy haýran edýän dürli häsiýetli bu kitap täsin bir ýol bilen böleklere bölünmeýär. Şeýle bütewilige şol bir wakanyň birinji sahypadan soňky sahypa çenli kämilleşmegi arkaly ýetilýär — bu adamyň Hudaý tarapyndan günäden satyn alynma taryhydyr. Bir gezek meniň ýanyma «Gündogaryň beýik kitaplary» atly kitaplar toplumyny neşir eden neşirýatyň wekili geldi. Ol şol kitaplar toplumyny satmak üçin satyjy gözleýän eken. Şol toplum barada gürrüň bermek üçin bäş minudyny-da sarp etdi. Ol gürrüňini tamamlandan soň men oňa dünýädäki iň beýik kitap barada ýarym sagat gürrüň berdim. Men oňa kiçijik ýumuşjagaz berdim-de, şu toplumdan şol bir synpa, nesle, döwre degişli bolan, bir ýurtda ýaşan, bir dilde geplän, bir häsiýetli bolan, köp jedelleriň sebäpkäri bolan birmeňzeş mowzuk boýunçä ýazan on ýazary tapmagyny haýyş etdim. Soň ondan: «Şu sorag boýunça şol ýazarlaryň nukdaý-nazary gabat gelermidi?» diýip soradym. Ol adam bir neme säginip, soň: «Ýok» diýip jogap berdi. Şonda men: «Olaryň kitaplary nämä meňzeş bolardy?» diýip soradym. Bu gezek ol oýlanmazdan: «Dürli tekstleriň toplumyna!» diýdi. Iki gün geçenden soň şol adam durmuşyny Mesihe tabşyrdy, sebäbi Mukaddes Kitabyň we onuň içinde ýazylanlaryň ýeke-täkdigine düşündi. Özüň göz ýetir Mukaddes Kitabyň ýene-de bir beýik kitapdygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin, aşakdaky salgylanmalaryň görkezýän aýatlaryny oka. Olarda Mukaddes Kitap kitaplar bilen däl-de, kuwwatlylykda kem galmajak başga bir zat bilen deňeşdirilýär. Her bir aýady ünsli oka. Soň Mukaddes Kitaby näme bilen deňeşdirmegiň mümkindigini ýaz. Şeýle deňeşdirmäni nämä esaslanyp edip boljakdygy barada pikirlen. Mundan başga-da, şeýle deňeşdirmäni başga kitap bilen edip bolýarmy, şony belle. Ýerem. 5:14 ________________________________ Ýerem. 23:29 _______________________________ Riml. 1:16 __________________________________ Efes. 6:17 __________________________________ Ýewr. 4:12 _________________________________ 10. MUKADDES KITAP WE ŞWEÝSAR PEÝNIRI Mukaddes Kitapda bar hasaplanýan düşnüksiz we gümürtik ýerler baradaky hyýaly rowaýat Köp adamlar düşünse düşünmese-de, Mukaddes Kitaba edil şweýsar peýnirine bolan garaýşy ýaly garaýarlar: onuň hakykatdan hem peýdaly zady köp, ýöne «deşiklerem» bar. Olar: «Mukaddes Kitap, elbetde, ruhlandyryjy kitap. Men ylaýtada 24-nji mezmur ýaly mezmurlary gowy görýärin — ol diýseň owadan» diýerler. Emma olaryň Mukaddes Kitaba bolan garaýşy barada çynlakaýrak sorasaň, onda şeýle hasaplaýarlar: «Bilýäňizmi, elbetde, Mukaddes Kitapda hemme zat kemsiz-kössüz däl. Men onda ýalňyşlaryň we şoňa meňzeşleriň bardygyny göz öňünde tutýan. Ýöne bu meni geň galdyranok. Galyberse-de, ony taryh dersi boýunça okuw kitaby bolmak üçin ýazmadylar. Ynam we taglymat babatda bolsa, ol bolmalysy ýaly takyk». Bu hyýaly rowaýat. Şuňa meňzeş zatlary aýdýanlaryň köplenç agzaýan şol «ýalňyşlary» barada parhsyz pikirleri bolýar. Esasynda Mukaddes Kitapda hiç hili «deşigi» ýok, ol ýalňyşdanam dolup ýatanok. Ol gaty geň usul bilen bir müň alty ýüz ýylyň dowamynda, takmyndan kyrk dürli ýazar tarapyndan ýazyldy. Mukaddes Kitap ýazarlaryň yhlasly zähmetiniň we alymlaryň takyklygynyň kömegi bilen biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Köne we Täze Ähtler — bu köne döwürlerden bize gelip ýeten has takyk we ygtybarly resminamalardyr. Isanyň yzyna eýerijiler Rebbiň Özüniň Ýazgylaryň takyklygyna ynanandygy baradaky anyk maglumaty äsgermezlik edip bilmezler. Ol: «…Ýazgy bozulmaýar…» (Ýahýa 10:35) diýdi. Ol Ýunusyň durmuşynda bolup geçen wakany jedelsiz maglumat hökmünde kabul edýär. Hatda Ol şeýtan bilen çöldäki göreşinde-de Ýazgylardan aýatlar ulandy. Adamlara öwredende-de, Ol Ýazgylara salgylanýardy. Şonda Ol taglymata taryhy jikme-jiklige we Köne Ähtiň wakalaryna hakyky zatlar hökmünde garaýardy. Täze Ähti ýazanlaryň hemmesi-de, edil Isa ýaly, Ýazgylaryň hemmesiniň hakykylygyny tassykladylar. Resul Pawlus şeýle diýýär: Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. 2 Timot. 3:16 Edil beýleki resullar ýaly, ol hem Täze Ähtiň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylandygyny tassyklap, şeýle diýýär: «…adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn» (1 Korint. 14:37). Hawa, Mukaddes Kitapda şol bir wakanyň dürli nukdaý-nazardan suratlandyrylyşyna gabat gelmek, bir wakany gürrüň berende dürli nygtamalary tapmak we ýalňyş ýaly bolup görünýän başga gabat gelmezliklere duş gelmek mümkin. Elbetde, tekstiň asyl nusgadaky — grek we iwrit dillerinden terjime etmekde kynçylyklar bolupdy. Mukaddes Kitabyň aýatlaryny nädogry düşündirmekde-de bir giden ýalňyşlyklar bolupdy. Şeýle-de bolsa, XXI-asyryň mesihileri Mukaddes Kitaby açanda, Hudaý tarapyndan ruhlandyrylan, hakyky, takyk saklanan Hudaýyň Sözüni okarlar. Işaýa şeýle diýýär: «Ot gurar, gülleri döküler, emma biziň Hudaýymyzyň sözi baky galar» (Işaýa 40:8). Özüň göz ýetir Mukaddes Kitabyň «deşikden» doludygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Mattanyň Hoş Habarynyň 4-nji babynyň 1-11-nji aýatlaryny oka. Isa şeýtanyň azdyryjy sözlerine Ýazgylaryň aýatlary bilen jogap berýär. Mukaddes Ýazgylaryň kitaplary üçin ýazylan simfoniýany ýa-da parallel ýerleri bolan Mukaddes Kitaby ulanyp, Isanyň Mukaddes Ýazgylardan getirip aýdan aýatlaryny belle. Soň aşakda olara salgylanmalary ýaz: 4-nji aýat _________________________________________ 7-nji aýat _________________________________________ 10-njy aýat _______________________________________ Soň şulary oka: Mattanyň Hoş Habarynyň 12-nji babynyň 38-41-nji aýatlaryny oka. Onda Isa Ýunus Pygamberiň Kitabynda ýazylan, pygamberleriň biriniň durmuşynda bolup geçen bir ýagdaýa salgylanýar. Markusyň Hoş Habarynyň 2-nji babynyň 23-26-njy aýatlaryny oka. Onda Isa Şamuweliň birinji Kitabynyň 21-nji babynyň 6-7-nji aýatlarynda beýan edilen bir wakany ýatlaýar. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 3-nji babynyň 14-15-nji aýatlaryny oka. Onda Isa Sanlar Kitabynyň 21-nji babynda jikme-jik beýan edilen waka salgylanýar. Indi çöz: Isa şol adamlaryň we wakalaryň hakykydygyny ýa-da çyndygyny şübhe astyna salýarmy ýa-da olary anyk maglumat hökmünde kabul edýärmi? Sen munuň içinden özüň üçin näme alyp bilýäň? 11. MUKADDES KITAP WE «BOZUK TELEFON» OÝNY Mukaddes Kitabyň hakyky däldigi baradaky hyýaly rowaýat «Bozuk telefon» oýny diňe bir köp ýyllardan bäri diýseň uly meşhurlykdan peýdalanman, eýsem habar bermekde takyk bolmaklygyň näderejede wajyplygyna düşünmeklige-de kömek edýär. Siziň bilşiňiz ýaly, bu oýna töwerek bolup oturan adamlaryň bir topary gatnaşýar. Bir adam öz gapdalynda oturanyň gulagyna gysgajyk bir habar aýdýar. Ol hem şol habary özüniň beýleki gapdalynda oturana aýdýar. Şeýdip, habar töwerek boýunça gidip, ony birinji aýdan adama barýança dowam edýär. Köplenç aýdylan jümle birinji aýdan adama gaýdyp gelende, başda aýdylyşyndan düýpgöter tapawutlanýar, bu bolsa gülkünç bolýar. Mysal üçin: «Eger sport bilen meşgullanmasaň, semizligiňe galarsyň» diýen jümle iň soňunda: «Stasy tort bilen dolulygyna iýdiler» diýen ýaly bir zada öwrülýär. Köp adamlar bize gelip ýeten Mukaddes Kitabyň hem başyna «bozuk telefon» oýnundaky birinji aýdylan jümläniň güni gelipdir öýdýärler. Olar iki daşlygyň arasynda ýerleşýän tekst (köplenç daşlykda haşamlanyp zer bilen ýazylan atlary-da) müňlerçe ýyl mundan ozal ýazylan zatlardan şeýle bir daş welin, sagdyn pikirli adamlaryň hiç biri-de onuň hakykylygyna ýekeje-de ynanmaz öýdýärler. Bu hyýaly rowaýat. Köne Äht şeýle bir jikme-jiklik bilen göçürilýär. Golýazma harpma-harp göçürilip gutaryberende-de, birden göçüriji ýalňyş goýberäýse, onda onuň ýazan golýazmasy ýok edilipdir. Mundan başga-da, iwrit dilindäki Mukaddes Ýazgylary göçürýän ýewreý göçürijileri belli bir (aşakdaky) düzgünleri saklamaly bolupdyrlar: • her bir göçürme, ýörite ýazmak üçin niýetlenip, aýratyn usul bilen taýýarlanan arassa zadyň ýüzüne ýazylmaly. • her bir göçürme belli bir reňkdäki we hildäki syýa bilen ýerine ýetirilmeli. • her bir göçürme hakykylygy anyklanan asyl nusgadan göçürilen bolmaly. • ýekeje harp hem ýatdan ýazylmaly däl. Mysal üçin, biri «al» sözüne nazaryny aýlap, ilki «a»-ny soňam asyl nusga seretmän „l“ny ýazmaly däl; her bir harp diňe asyl nusgadan göçürilmeli bolupdyr. Ýekeje harp hem gapdalyndaky harp bilen birikdirilip ýa-da degrilip ýazylmaly däl. Harplaryň arasynda saçyň ýa-da sapagyň ýogynlygyndaky aralyk bolmaly. • her bir kitabyň her bir sahypasyndaky her bir harp sanalmaly we asyl nusga bilen deňeşdirilmeli. Kitapda gabat gelýän elipbiýiň her bir harpy sanalmaly we asyl nusga bilen deňeşdirilmeli. Musanyň bäş Kitabyny düzýän sözleriň merkezinde duran harplar we Mukaddes Kitabyň iwrit dilinde ýazylan hemme kitaplarynyň merkezinde duran harplar sanalmaly hem-de olaryň mukdary tekstde bellenilmeli. Eger ýekeje çaprazlyk bolaýsa, onda göçürme kabul edilmändir. Köne Ähti göçürmekde şunuň ýaly berk düzgünler berjaý edilmeli bolupdyr. Eger Täze Äht barada aýtsak, onda ol şübhesiz, gadymy dünýäniň iň hakyky we takyk resminamasydyr. Mekdepde Platonyň işlerini öwreneniňizde, mugallym onuň «Döwlet» atly kitapçasynyň hakykylygy babatda özüniň şübhelenýändigini aýdýarmy? Gadymy taryh mugallymy Katullanyň goşgularyny ýa-da Gaý Ýuliý Sezaryň «Gall urşy hakyndaky ýazgylaryny» okanda, ol size bu eserleriň hakyky däl bolaýmagynyň ahmallygyny duýdurdymy? Tekstleriň hakykylygy babatda çynlakaý şübheler we dürli okalyşa alyp barýan uly kynçylyklar bar bolany üçin mugallymlar grek taryhçysy Fukididiň, pelsepeçi Aristoteliň, Sofoklyň tragikasyny ýa-da Ýewripidiň işlerini programmadan aýyrýarlarmy? Elbetde, ýok. Aslynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Kitaby hakyky resminama hasaplamak bolmaýar diýip pikir edýärler. Ýokarda agzap geçen kitaplarymyzyň biri-de, hakykylyk dogrusynda, Täze Ähtiň teksti bilen deňleşip bilmez. Adatça islendik taryhy resminamanyň hakykylygyny kesgitlemek üçin wajyp bolan iki maglumata, ýagny: bar bolan golýazmalaryň mukdaryna we asyl nusganyň ýazylan wagtyndan iň irki göçürmäniň ýazylan wagtyna çenli geçen döwre seredýärler. Eger siz Täze Ähti gadymy dünýäniň beýleki kitaplary bilen deňäp görseňiz, onda onuň hakykylygy açyk-aýdyň bolar. Ýazar / Ýazylan wagty / Ilkinji göçürmesi / Geçen wagt / Göçür-meleriň sany Sezar / M.D.*öň 100–44 / M.D.soň 900 / 1000 ýyl / 10 Platon (tetrologiýalar) / M.D.öň 427–347 / M.D.soň 900 / 1200 ýyl / 7 Fukidid / M.D.öň 460–400 / M.D.soň 900 / 1300 ýyl / 8 Sofokl / M.D.öň 496–406 / M.D.soň 1000 / 1400 ýyl / 100 Katull / M.D.öň 54 / M.D.soň 1550 / 1600 ýyl / 3 Ýewripid / M.D.öň 480–406 / M.D.soň 1100 / 1500 ýyl / 9 Aristotel / M.D.öň 384–322 / M.D.soň 1100 / 1400 ýyl / 5 * M.D. öň — Mesihiň dogulmazyndan öň. Redaktoryň belligiň. Indi bolsa Täze Ähti bu gadymy ýazarlaryň işleri bilen deňeşdiriň: Ýazar / Ýazylan wagty / Ilkinji göçürmesi / Geçen wagt / Göçür-meleriň sany Täze Äht / M.D.soň 40-100 / M.D.soň 125 / 25 ýyl / 24000+ Gadym döwrüň ýekeje resminamasyny-da Täze Äht bilen hatda bir ýerde-de goýup bolmaz. Ony hakykylykda diňe Gomeriň «Iliadasy» bilen deňeşdirmek bolar, sebäbi bu poemanyň 643 göçürmesi saklanyp galypdyr. Onuň ýazylan wagty bilen ilkinji golýazmalaryň ýazylan wagtynyň arasyndan 500 ýyl geçipdir. Mukaddes Kitaba ynanmak bolarmy? Gadym döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten ýekeje kitap hem hakykylykda onuň bilen deňeşip bilmez. Özüň göz ýetir Mukaddes Kitabyň hakyky däldigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderkdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Mukaddes Kitabyň aýatalrynda goýberilip ýazylan sözleri ýerine goý. «Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde berkidilendir» (Mezmur 119:89). «Şaýatlyklaryňy guranlygyňy men ozaldan bilýärdim» (Mezmur 119:152). «Ot , güli , emma biziň Rebbimiziň sözi » (Işaýa 40:8). «Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir bir kemelmez» (Matta 5:18). Bu aýatlar Mukaddes Kitabyň hakykylygyny tassyklaýarmy? Eger tassykalaýan bolsa, onda nädip tassyklaýar? 12. BOLAN ZAT ÝA-DA BOLMADYK ZAT Mukaddes Kitabyň toslamadan we rowaýatdan doludygy baradaky hyýaly rowaýat Kollejde okalmaly bütindünýä edebiýatynyň sanawyna Mukaddes Kitaby hem goşmagy teklip edende, Ennini duýgularyň tupany doldurdy. «Sen oýun edýän bolmaly! Bu ýerde Mukaddes Kitabyň näme dahyly bar?» diýip biri dillendi. Başga biri-de söze goşulyp: «Ýöne Ýunus we balyk baradaky boş söze ýa-da suwuň üstünden ýöremek baradaky waka ynanýan diýäýme! Besdir, gökden ýere düş!» diýdi. «Geliň sagdyn pikire ynanalyň. Mukaddes Kitabyň, elbetde, ynanýanlar üçin uly ähmiýeti bar, bu diňe şeýle! Onuň içinde ajaýyp hyýaly rowaýatlar hem-de toslamalar köp, bu dogrudanam şeýle, ýöne olary hakykat hökmünde kabul etmegi menden haşyş edäýme» diýip, başga-da biri söze goşuldy. Soňky döwürde köpler şeýle pikir edýärler. Hatda käbir imanlylar hem (Mukaddes Kitapçylar) gowusy Mukaddes Kitaba dini halk döredijiliginiň we rowaýatlaryň ýygyndysy hökmünde seretmeli diýen netijä geldiler. Başga sözler bilen aýtsak, olar maglumatlara toslama hökmünde görkezmäge synanyşýarlar. Hakykatdanam, Mukaddes Kitapda geň galdyryjy wakalar bar. Olaryň käbirleri taryhy maglumatlara däl-de, gödek metbugat makalasynyň sözbaşysyna meňzeýär: ADAM SUWUŇ ÝÜZÜNDEN ÝÖREÝÄR OGLANJYK BIRJE TORBADAKY NAHAR BILEN MÜŇ ADAMY DOÝURDY ELIŇI SALGASAŇ, SUW ŞERABA ÖWRÜLÝÄR JELILELI MUGALLYM ÖLÜMDEN DIRELDI Mukaddes Kitabyň käbir wakalarynyň akla sygjak zat däl ýaly bolup görünmeginiň mümkindigine seretmezden, olary ýazan adamlar şol wakalar hyýaly rowaýat ýa-da toslama hökmünde däl-de, maglumat hökmünde kabul ediler diýip niýet edipdirler. Mundan başga-da, Täze Ähti ýazan adamlar şeýle mümkin bolmajak wakalary ýazmak bilen öz janyny töwekgelçilige eltýändigine gowy düşünipdirler. Siz haýsydyr bir rowaýaty ret etmedigi üçin zyndana, hatda, ölüme-de meýletin gitmäge taýýar bolan köp adamy tanaýaňyzmy? Munuň üstesine-de, Täze Ähti ýazan adamlar eger şol wagt başga şaýatlar bolmadyk bolsa, onda ölümden direlen Mugallym ýa-da bäş çörek we iki balyk bilen bäş müň adamyň doýrulandygy baradaky wakalary gürrüň bermek bilen, özlerine dälihana tarap ýol gurýandygyna gaty gowy düşünipdirler. Hut şonuň üçin hem resul Pawlus Agripa patyşanyň we Rim häkimi Festusyň öňünde Hoş Habaryň hakykatyny wagyz edende, şaýatlara salgylanýar. Pawlus Mesihiň ölümden direlendigi barada aýdanda, Mukaddes Kitapda ýazylyşy ýaly: «…Festus gaty ses bilen: “Pawlus, sen däliräpsiň! Köp okumyşlyk seni dälilige eltipdir” diýdi. Pawlus: “Eý hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas pikirini aýdýaryn. Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn; sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl” diýdi». Resul. iş. 26:24–26 Hyýaly eserlerden, rowaýatlardan we syra dolanan gadymy ynamlaryndan tapawutlylykda, Mukaddes Kitapda ýazylan wakalar «künjekde bolup geçmedi». Wakalaryň nähili bolup geçendigini uly märekeler gördi. Ynama mynasyp adamlar şol wakalaryň hakykylygy barada hat görnüşinde şaýatlyk edip, öz görkezmelerini gany bilen gol çekip, tassyklapdyrlar. Şol resminamalar hem esasly ret edilmegiň ýa-da ynamy ödemezligiň deregine, barlaglara döz geldi hem-de hakyky diýip ykrar edildi. Resul Petrus: «…size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük» (2 Petrus 1:16) diýip ýazanda, Mukaddes Kitabyň toslamalardan we rowaýatlardan doludygy baradaky hyýaly eserleriň garşysyna çykyş etdi. Özüň göz ýetir Mukaddes Kitabyň toslamalardan we rowaýatlardan doludygy baradaky hyýaly eseriň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir: Lukanyň Hoş Habarynyň 1-nji babynyň 1-3-nji aýatlaryny oka. Şol setirleri kim ýazdy? Ýazara «biziň aramyzdaky meşhur wakalary» kim gürrüň berdi? Ýazar Teofilus üçin bu wakalaryň taryhyny ýazyp başlamazdan öň näme etdi? Ýahýanyň birinji hatynyň 1-nji babynyň 3-nji aýadyny oka. Şol sözleri kim ýazdy? Ol özüniň şol bolan wakalaryň şaýady bolandygyny tassyklaýarmy? Nähili maksat bilen Ol özüniň görendigini we eşidendigini gürrüň berýär? Resullaryň işleriniň 2-nji babynyň 22-nji aýadyny oka. Şol sözleri kim aýdýar? Olar kime gönükdirilen? «Öz bilşiňiz ýaly» diýen sözler nämäni aňladýar? Ýahýanyň Hoş Habarynyň 19-njy babynyň 35-nji aýdyny oka. Şu aýadyň ýazary kim? Ol öz ýazan zatlarynyň şaýady bolupmy? Ol öz sözleriniň toslama hökmünde kabul edilmegini isläpmidi? «Siz iman eder ýaly» diýen setire üns ber. Birneme wagtyňy Täze Ähti ýazan adamlaryň şaýatlygy barada dilegde pikirlenmäge sarp et. Soň sen Hoş Habarçy Ýahýanyň isleýşi ýaly, şol şaýatlyklara ynandyňmy, şony çöz. 13. LUKA LUKMAN WE NIREDEN ALNANDYGY BELLI BOLMADYK «POLITARH» SÖZI Hiç ýalňyşmaýan arheologiýa baradaky hyýaly rowaýat Beýker-stritiň ugrundaky 221-B belgili jaýyň basgançaklaryndan daýaw erkek adam ýokary galdy. Ony otaga girmäge çagyrdylar. Ol ýerde beýik aňtaýjy otyrdy. «Ine-de siz, lukman. Ertiriňiz haýyrly bolsun! — diýip, aňtaýjy arkasyny oturgyja berip oturşyna aýtdy. — Siz soňky birnäçe gijäni ukusyz geçirene meňzeýärsiňiz». «Siz mamlamykaňyz diýip gorkýan, ýöne dursaňyzlaň. Muny siz nireden bilýärsiňiz? Meniň lukmandygymy siz nireden bilýärsiňiz?» «Bu düşnükli ahyryn. Munuň üstesine-de, meniň görşüm ýaly, siz ýazyjy, özüňizem uzakdan gelipsiňiz. Emma bular wajyp zat däl. Gowusy özüňizi nämäniň birahat edýändigini aýdyň». Gelen adam öz geň galmasynyň hötdesinden kynlyk bilen gelip, ahyrsoňy gürrüňe başlady. «Meniň adym Luka, men lukman, — diýip, ol özi barada gürrüň berdi. — Mundan başga-da, men öz döwrümde bolup geçen wakalary gürrüň berýän iki meşhur kitabyň ýazary. Has takygy, mesihilik erasynyň birinji asyry». Aňtaýjy Şerlok Holms gollaryny gowşuryp, ünsli diňlemäge taýýarlyk gördi. «Soňky döwürlerde, — diýip, Luka lukman gürrüňini dowam etdirdi, — meniň at-abraýym güýçli ejir çekdi. Meniň başarjaňlygym we bilimim şübhe astyna salyndy. Düşünýäňizmi, «Resullaryň Işleri» atly kitabymda men Konýa diýen şäheriň Likaon diýen welaýata degişli däldigini görkezdim. Käbir arheologlar bolsa, haýsydyr bir başga resminamalara esaslanyp, Konýa Likaon şäheri bolupdyr diýen netijä gelipdir. Şonuň esasynda-da meniň kitabymy ygtybarsyz çeşme diýip yglan etdiler». «Bu entek hemmesi däl, — diýip, Luka Holmsuň özüni örän öýkelek hasaplamagyndan ätiýaç edip, howlukmaç dowam etdirdi, — men Hoş Habarymda Ýahýa suwa çümdürijiniň öz gullugyna Mesih doglandan soňky 27-nji ýylda başlandygyny gürrüň berenimde, Abiliniň tetrarhy bolan Lisaniýas atly adamy ýatlap geçýärin. Ine şeýle, meni ýene-de namalary ýoýmakda aýyplaýarlar, nämemişin, arheologlar baryp Mesih dogulmazyndan 36 ýyl öň öldürilen ýekeje Lisaniýasy bilýärmişin. Mundan başga-da, Pawlusyň Korintosdaky gullugy barada gürrüň berenimde, Galiony «häkim» diýip atlandyrdym. Alym diýilýänler näme barada ýazýanyma özümiňem düşünmeýändigimi aýtdylar. Nämemişin, Galion ýaly derejäni eýelän adama hiç haçan hem «häkim» diýilmänmişin! Maňa bu «alymlar» sebäpli ýöňkelen gaty gaharyňy getirýän aýyplama, belki şu aşakdakydyr. Men Selanik şäheriniň ýolbaşçylaryny agzanymda, «politarh» sözüni ulananmyşym. Görýäňizmi, bu söz başga nusgawy eserleriň birinde-de ulanylmaýar. Muny hemme arheologlar we tankytçylar öz ýöňkän aýyplamasyny tassyklajak bolup aýdýarlar-da: “Luka ýalňyşypdyr, diýmek onuň ýazan zatlaryna ynanmak bolmaz. Hem-de ş.m... ” diýýärler. Meni ynamdan gaçyrmak üçin olar ownuk-uşak zatlara-da yrsaraýarlar». Luka lukman gürrüňini gutaran wagty Holmsuň gözleri ýumukdy, dem alşy kadaly we rahatdy. Ahyrsoňy ol gözüni açdy-da, özüne hemme zadyň düşnüklidigini bildirmek üçin oturgyçdan turdy. Ol: «Bagyşlaň lukman, men size hiç hili kömek edip bilmeýärin» diýdi. Lukman duran ýerinden sesini çykarman, meşhur aňtaýja tiňkisini dikdi. «Lukman, siz öz ýazan maglumatlaryňyzyň dogrudygyna ynanýarsyňyz, men size dogry düşünipdirinmi?» diýip, Holms sorady. «Hemmesine! — diýip, Luka ör boýuna dim-dik bolup jogap berdi, — men taryhçy ahyryn, jenap!» «Onda size diňe garaşmak galýar» diýip, Holms beýik taryhçyny gapa çenli ugradyp barşyna aýtdy. «Günleriň birinde siziň ýazan maglumatlayňyzyň hemmesiniň tassyklanjak wagty geler. Häzirlikçe bolsa meniň gowy lukmanym, siz garaşmaly bolýarsyňyz. Ýöne ynanaýyň, hemme maglumatlar tassyklananda, bar zat öz ýerinde durar» diýip, Holms lapykeç bolan lukmanyň yzyndan gapyny ýapmanka aýtdy. Biziň eýýamymyzyň biriji asyrynyň taryhçysy bilen oýlanyp tapylan aňtaýjynyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik, elbetde, bolmady. Emma şoňa çenli Lukanyň aýdanlarynyň hemmesi — hakykat. Geçen döwrüň dowamynda ony garalamak üçin köp synanyşyklar edildi. Eger şeýle gürrüňdeşlik bolan bolaýanynda-da, Şerlok Holmsuň biziň ýatlap geçen gürrüňdeşligimiziň soňundaky Luka lukmana beren maslahaty ýüz göterim dogry bolardy. Alymlaryň we arheologlaryň Hoş Habarçy Lukany yzyny üzmän ünssüzlikde we maglumatyň nätakyklygynda aýyplaýandygyna seretmezden, şol arheologiýa hem onuň ýazan zatalryny birnäçe gezek tassyklady. Köp adamlara häzirki zaman arheologik ylmy Mukaddes Kitabyň käbir ýerlerinde ýalňyşlygyň bardygyny «subut etdi» diýip pikir gaty ýaraýar. Aslynda bu beýle däl. Mysal üçin, geliň, Hoş Habarçynyň Şerloga aýdan birinji arzyna seredeliň. Alymlar Lukany Konýa şäheriniň ýerleşýän welaýatyny nädogry görkezmekde aýyplaýarlar. 1910-njy ýylda arheolog Uilýam Remseý Konýanyň Frigiýanyň şäheri bolandygyny subut edýän ýadygärlik tapdy. Ondan soňky edilen açyşlaram Lukanyň görkezmelerini tassyklaýar. Damask şäheriniň ýanyndan tapylan arheologik tapyndy «Lisanias tetrarhyň» boladygyny subut etdi. Tapyndy Mesih doglandan soňky 14-29-njy ýyllara degişli edildi. Şeýdip, ol Lukanyň sözlerini doly tassyklaýar. Galio baradaky ýatlama hakda aýtsak, ol hem tapylan bir hatyň üsti bilen tassyklandy. Onda şeýle diýilýär: «Meniň dostum, Ahaýanyň häkimi Lusiý Ýuniý Galio…». Lukanyň gürrüňsiz başarnyksyzlykda aýyplanmagyna sebäp bolan, nireden alnandygy belli bolmadyk «politarh» sözi babatdaky waka hem düşnükli boldy. Öňräk gazuw-agtaryş döwründe bir topar golýazma tapyldy. Şonda şu gadymy grek derejesi gabat gelýär. Arheologiýanyň Mukaddes Kitapda görkezilen maglumatlary ret edýändigi baradaky pikir diňe bir könelen bolman, eýsem nobatdaky hyýaly rowaýatdyr. Arheolog Wilýam F. Olbraýtyň aýdyşy ýaly, On sekizinji, on dokuzynjy asyrlaryň abraýly taryhy mekdepleriniň Mukaddes Kitap babatdaky bildiren çendenaşa müňkürligi — şol mekdepleriň kesgitlän käbir aňyýetleri käwagt entegem bardygyny bildirýär — ynamdan gaçyryldy. Yzly-yzyna edilýän açyşlar Mukaddes Kitabyň bize gürrüň berýän san ýetmez maglumatlarynyň takykdygyny tassyklaýar we Mukaddes Kitaby bahasyna ýetip bolmajak taryhy çeşme saýmak üçin ýene-de has köp esas berer. Gysgaça aýtsak, Şerlok Holms dogry maslahat berdi. Özüň göz ýetir Arheologiýanyň ýalňyşmasyzdygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin Mukaddes Kitapdan alnyp görkezilen aýatlary oka. Ýaşandygy we şahsyet hökmünde Mukaddes Kitap tarapyndan bireýýäm tassyklanan, ahyrsoňy arheologik açyşlaryň hem subut eden adamlarynyň adyny ýazyp, boş ýerleri doldur. Dan. 5:30. Bir wagtlar gynandyryjy ýalňyşlyk hasaplanan zat (palçykdan edilen ýasyja tagtajygyň Babylyň soňky patyşasy hökmünde Nabonidi görkezendiginiň esasynda), soňky barlaglar tarapyndan tassyklandy. Barlaglara laýyklyka, Nabonidiň ogly kakasy bilen bile deň derejeli hukukda patyşalyk edipdir. Riml. 16:23. 1929-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleri Korintosda jemgyýetçilik işleriniň dolandyryjysy hökmünde tanalan atly adamyň bolandygyny tassyklady. Matta 27:1, 2. 1961-nji ýyla degişli edilen, Kesariýanyň ortaýerdeňiz portundaky tapyndy dünýä görkezýän 2’ x 3’ möçberli golýazmany görkezdi. 14. HAKYKY PYGAMBERLIKLERMI ÝA-DA TÖTÄNDEN GABAT GELMELERIŇ NOBATYMY? Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýönekeý gabat gelmedigi baradaky hyýaly rowaýat Natan aşhana kürsäp girende, tas ejesini kakyp ýykypdy. Ejesi nägilelik bilen: «Natan!» diýip, ony sakalady. Ol: «Bagyşlaweri eje, sen Todduň maňa beren kitabyny derrew göräýmeli» diýdi. Ol stoluň üstüne bir topbak okuw kitabyny düňküldedip goýdy-da, olaryň içinden birini garbap tutdy. «Bu ýerde Nostril…ýa-da başga bir hilimi …atly gojanyň ýazan öňden aýtmalarynyň we her dürli zatlaryň tümlügi bar». «Nostradamusmydyka?» «Hawa! — diýip, Natan jogap berdi. — Sen ol barada eşidipmidiň?» «Saňa näme diýsemkäm…» «Onuň geň-taň zatlary ýazýandygy hakykymy? Ol her dürli wakalary bolmazyndan öň aýdypdyr. Gitler we Ikinji jahan urşy, Kennediniň öldürilişi barada-da aýdypdyr. Munda hatda Em Si Hammer barada-da bir zatlaryň bardygyny Todd aýtdy!» «Şeýle diýdimi?» Natan sesini çykarman ejesiniň ýüzüne şübheli seretdi. «Bolýa-la eje, näme boldaý? Seniň bu seredişiňi men bilýänä». «Aý hiç, hiç zat. Men ýöne bir zady bilesim gelýär, sen näme bu “pygamberlikleri” özüň tapdyňmy? Men sen olary özüň gözlediňmi ýa-da biri görkezdimi, umuman sen nädip olara duş geldiň diýmekçi bolýan?» «Hawa, olary maňa Todd görkezdi». «Olar saňa birhili düşnüksiz görünmedimi? Köp ýagdaýlara gabat gelýän munuň ýaly zatlary näme, dürli görnüşde düşündirmek mümkinmi?» Natan birneme pikirlenip durup, egnini gysdy-da: «Belki-de, şeýledir» diýdi. «Nostradamus ýaly şübheli pygamberleriň özüne şeýle köp adamlary çekişi, Mukaddes Ýazgylarda ýazylan, Hudaý tarapyndan ruhlandyrylan we doly amala aşan pygamberlikleriň adamlary biperwaý edişi, meniň üçin düşnüksiz!» Natan gyzyklandy. Ol Nostradamusyň kitabyny bir gyrada goýdy-da: «Mysal üçin» diýip sorady. «Mysal üçin? — diýip, ejesi onuň soragyny gaýtalady. — Natan, sen meni geň galdyrýaň. Mysal üçin, Isanyň Beýtullahamda doguljagy. Muny Mika pygamber welilik edipdir. Zekariýa pygamber bolsa, Mesihiň daýaw atda däl-de, eşegiň üstünde Iýerusalime girjekdigini aýdypdyr». Natan: «Hawa, ol ýene-de Isa haýynlyk ediljeginem aýdypdyr, şeýle dälmi?» diýdi. «Hut şeýle. Dosty tarapyndan otuz kümüş teňňä satyljakdygy, Onuň eliniň, aýagynyň deşiljekdigi, emma süňkleriniň abat galjakdygy — görýäňmi Natan, ol ownuk-uşaklaryna çenli hemme zady öňünden takyk aýdypdyr. Bular ýöne bir umumy sözler ýa-da düşnüksiz kakdyrmalar däl-de, doly takyklyk bilen amala aşan belli weliliklerdi. Biz diňe Mesihiň ykbaly bilen bagly bolan pygamberlikleri ýatladyk. Edil şunuň ýaly zatlary, ykbaly Mukaddes Kitapda ýazylan şäherler we halklar baradaky pygamberlikleriň hakykylygy dogrusynda-da aýtmak bolar». «Bu zatlaryň hemmesinden soň Nostradamusyň welilikleri bir hili tutuk görünýär, dogry dälmi?» — diýip, Natan gürrüňi jemledi. Ejesi ýylgyryp: «Edeni ugruna dällere meňzeýärler» diýdi. Natanyň ejesi mamlady. Mukaddes Kitapdaky welilikler geň galdyryjy tutanýerlilik bilen ýehudylaryň we mesihileriň Mukaddes Ýazgylarynyň ýeke-täkdigini hem-de hakykydygyny tassyklaýar. Hatda Mesih bilen baglanyşdyrylan ýönekeý welilikler hem Mukaddes Kitabyň iň ynamsyz okyjylaryny-da onuň hakykylygyna ynandyrmaly bolupdyr. Emma boş hyýala baý adamlar Mukaddes Kitabyň welilikleriniň amala aşyşyny ýöne bir gabat gelme hasapalýarlar. Başga birleri bolsa: «Bu pygamberlikleriň käbirleri prezident Kennediniň ýa-da Martin Lýuter Kingiň ykbalyna meňzeýär» diýýärler. Aýdaly, siz Mukaddes Kitapda gabat gelýän Mesih baradaky esasy kyrk sekiz weliligiň başga bir adamyň durmuşynda amala aşandygyna mysal getirip bilermisiňiz? Bu ýerde uzak gözläp oturmagam gerek däl: beýle adam ýok! Bu wakalaryň ýöne bir gabat gelme mümkinçiligi, Piter Stouneriň «Ylmy çemeleşiş» diýen kitabynda 1-iň 10 üsti 157-nji derejä ýa-da 157 nully 10-a deňdir diýip ýazyşy ýalydyr. Şunuň ýaly uly sany ýa-da şeýle kiçi mümkinçiligi hatda göz öňüne getirmegem kyn. Şunuň ýaly astronomik gabat gelmesizlikler Mukaddes Kitabyň welilikleriniň ýöne bir gabat gelme däldigini görkezýär, «çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 Petrus1:21). Özüň göz ýetir Gabat gelmeler baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky soraglara jogap ber: aşakda getirilen Mukaddes Kitabyň şeýle köp weliliklerini, olary öňden aýdan pygamberleri ýa-da olaryň saklanýan kitaplarynyň atlary bilen laýyk getirmek mümkin. Pygamberleriň we kitaplaryň atlary şeýle: A. Gelip çykyş B. Zebur Ç. Işaýa G. Ýeremiýa D. Mika E. Zekariýa Mukaddes Kitapdaky ýerine ýeten pygamberlikler: 1. Isanyň Gyzdan doguljagy (Matta 1:18–25). 2. Ýahuda taýpasyndan boljagy (Luka 3:23, 33). 3. Onuň Essäniň neslinden boljagy (Luka 3:32). 4. Dawudyň öýünden boljagy (Luka 3:31). 5. Onuň Beýtullahamda doguljagy (Matta 2:1). 6. Onuň öňünden habarçynyň geljegi (Matta 3:1, 2). 7. Onuň Iýerusalime eşekde girjegi (Luka 19:35–37). 8. Soň Oňa dostunyň haýynlyk etjegi (Matta 26:48–50). 9. Otuz kümüş teňňä satyljagy (Matta 26:15). 10. Özüni günäkärleýänleriň öňünde sesini çykarmajakdygy (Matta 27:12). 11. Onuň elleriniň we aýaklarynyň deşiljekdigi (Luka 23:33, Ýahýa 20:25). 12. Onuň garakçylaryň hataryna goşuljagy (Matta 27:38). 13. Günäkärleriň töwellaçysy boljagy (Luka 23:34). 14. Onuň eşikleriniň paýlaşyljagy (Ýahýa 19:23). 15. Eşikleri üçin bije atyşjaklary (Ýahýa 19:24). 16. Oňa öt garylan şerap we sirke berjekleri (Matta 27:34). 17. Onuň süňkleriniň döwülmejekdigi (Ýahýa 19:34). 18. Ýöne Onuň böwrüniň dilinjekdigi (Ýahýa 19:34). 19. Soň bolsa, bir baý adamyň gabyrhanasynda jaýlanjakdygy (Matta 27:57–60). 20. Onuň ölümden direljekdigi (Res.iş. 2:31). Jogaplar: 1. Ç (Işaýa 7:14) 2. A (Gelip çykyş 49:10) 3. Ç (Işaýa 11:1) 4. G (Ýerem. 23:5) 5. D (Mika 5:2) 6. Ç (Işaýa 40:3) 7. E (Zekariýa 9:9) 8. B (Mezmur 40:10) 9. E (Zekariýa 11:12) 10. Ç (Işaýa 53:7) 11. B (Mezmur 21:17) 12. Ç (Işaýa 53:12) 13. Ç (Işaýa 53:12) 14. B (Mezmur 21:19) 15. B (Mezmur 21:19) 16. B (Mezmur 68:22) 17. B (Mezmur 33:21) 18. E (Zekariýa 12:10) 19. Ç (Işaýa 53:9) 20. B (Mezmur 15:10) ÖLÜMDEN DIRELIŞ BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 15. ÖLEN KIŞI BOLDUMY? Isanyň ölmän, eýsem huşundan gidendigi baradaky hyýaly rowaýat Men ýaşajyk ýigitkäm, mesihiligiň esassyzdygyny, onda hiç hili çynlakaý zadyň ýokdugyny subut etmegi öz öňümde maksat edip goýdum. Emma muny etmek, elbetde, örän ýönekeý sebäbe görä, maňa başartmady. Men taryhda giň ýer eýelän bir maglumaty — Isa Mesihiň ölümden direlenini ret edip bilmedim. Ölümden direlme — bu mesihilik ynam taglymatynyň esasydyr. Özüniň «Diri Adam» atly kitabynda Maýkl Griniň ýazyşy ýaly, «mesihilikdäki direliş — bu ýöne bir kabul etmek gerek bolan köp taglymatlaryň biri däl. Direlişe ynam bolmasa, mesihilik asla bolmazdy. Mesihi Ýygnagy bolsa hereket edibem başlamazdy. Isanyň gullugy arkaly başlanan hereket, Ol haça çüýlenenden soň derrew tüsse ýaly dargap giderdi. Mesihiligiň ykbaly dolulygyna Isanyň ölümden direlendigine bolan ynama bagly. Bu hakykaty ret eden badyňyza siz mesihiligi ýok edersiňiz». Şonuň üçin köp adamlar direliş maglumatyny şübhe astyna salmaga synanyşdylar ýa-da ony ret etmäge çalyşdylar. Doktor Hýu Şonfildiň «Pesah dildüwşigi» atly kitaby 1960-njy ýyllaryň ortalarynda peýda bolandan soň, köp jedelleri turuzdy. Onuň şeýle uly galmagal turuzanynyň sebäbi, ýazar kitapda Isa Mesihiň direlişini «düşündirýän» köne «huşuny ýitirme nazarýeti» atly nazarýeti aýaga janlandyrýar. Huşuny ýitirme nazarýeti birnäçe asyr mundan öň Wenturini atly adam arkaly meşhur bolupdy. Şol nazarýete laýyklykda, aslynda Isa haçda ölmedi. Ol ýöne surnukmadan ýa-da köp gan ýitirmeden ýaňa huşuny ýitirdi (ýa-da «özünden gidip ýykyldy»). Nazarýetde aýdylyşyna görä, hemmeler Ol ölendir öýtdüler. Hakykatynda bolsa, Ol birnäçe wagtdan soň Özüne geldi. Onuň şägirtleri bolsa, Isa direlendir öýtdüler. Isa Özüniň tussag edilmesini, hökümini we haça çüýlenmesini öňünden meýilleşdiripdir diýen netijä gelmek bilen, Şonfild bu nazarýeti has-da giňeltdi. Isa haçda Özüniň neşe bilen saňsar edilmegini gurapdyr. Ölüsirän bolmak bolsa, Oňa aňsat bolupdyr. Birneme soňurak hem urgulardan, ejirlerden, şikeslerden, böwrüniň naýza bilen dilnendigi, haçda Onuň bedenini saklan çüýlerden galan ýaralar sebäpli ellerinden we aýaklaryndan gan akandygy üçin köp gan ýitirmeden aýňalyp bilipdir. Huşuny ýitirmäniň bu nazarýeti — durşuna hyýaly rowaýat. Isa agyr urgulary çekdi. Ony pidasynyň tenini pers-ala edýän, elhenç gynaýjy gural bilen gamçyladylar. Käwagt tussaglar soňky jeza çenli diri galmandyrlar, sebäbi beýle gamçylanma döz gelip bilmändirler. Isa şuňa meňzeş iň zalym jezany çekenden soň, ölüm jezasy beriljek ýere tarap ýola düşdi. Emma Onuň gören görgüleri çekerden çökder bolany üçin, bu ýoly özbaşdak geçip bilmedi. Hoş Habarçylar Matta we Lukanyň ýazyşlaryna görä, kirineýaly Simun mejaly gaçan Isanyň yzyndan haçy alyp gitmäge mejbur edilipdir. Markusyň: «Isany Golgota diýen ýere eltdiler» (Markus 15:22) diýen sözleri, Onuň eýýäm ýöremäge güýji bolmandyr diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. Ondan soň Isa ölüm diýilýän zadyň içinden geçdi. Bu bolsa suratlandyrardan agyr gelýär. Şonda-da Frederik Farrer ýaly ýazyjylar bu zatlary söz bilen beýan etmäge synanyşyk etdiler: «Haça çüýlenme arkaly ölmek özi bilen agyry we ölüm getirýän gaýgy-hasraty, elhençligi, baş aýlanmany, teşneligi, açlygy we ukusyzlygy, ýaralar sebäpli peýda bolýan gyzdyrmany, şel açmany, utançdan ýaňa ejir çekmäni we köpçüligiň öňünde kemsidilmäni, tükeniksiz gynamalary, endamyň çym-pytrak edilen ýerleriniň ysmazlygynyň öňde duran elhençligini öz içine alýar. Bu ezýetleriň hemmesi çekip-çydamak mümkin bolmajak ýagdaýa alyp barýar. Şeýdip, ezýetler ejir çekýän adam huşuny ýitirip, diýseň gowy ýeňillige ýetende, gysga wagtlyk bes edilýär. Bedeniň adaty bolmadyk ýagdaýy kiçijik hereketi-de agyryly edýär; üzülen damarlar hem-de süýnen siňirler yzy üzülmeýän ezýetlerden ýaňa tyrpyldaşýarlar; sowuklan, emma hiç zat bilen örtülmedik ýaralar dokumalaryň ölmegine alyp barýar; arteriýalar — ylaýtada kelledäki we garyndaky — gan dolmadan ýaňa gitdigiçe çişýär; şol wagt hem göz öňüne getirmek mümkin bolan ezýetleriň hemmesi-de güýçlenmegini dowam etdirýärler; olaryň üstüne-de, güne ýanma sebäpli bolýan ýiti agyry we çydap bolmajak teşnelik goşulýar; bu beden ejirleriniň barysy ýürek tolgunmasyny we basgyny güýçlendirýär. Bu bolsa ölüm perspektiwasynyň — adamyň hemme zatdan beter gorkýan ajal atly näbelli duşmanynyň ýakynlaşmasynyň — ýakymly we köp garaşylan ýeňillik hökmünde kabul edilmegine alyp barýar. Şunuň ýaly gynamalardan birnäçe sagat geçenden soň Isany haçdan düşürdiler, ýöne diňe (haçan ölendigini ýalňyşman anyklap bilýän) ýüzbaşy rim häkimine Nasyraly Isanyň ölendigine şaýatlayk edenden soň düşürdiler. Adamyň şuňa meňzeş kynçylyklary çekenden soň ölmän galyp, ölümi Ýeňiji, ýaşaýyş Şasy hökmünde ör boýuna galyp, Ýahudada we Jelilede bäş ýüzden gowrak adama görünjekdigi baradaky pikir, gürrüňsiz, taryhy göçürmäge hem-de «…Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi, jaýlanyp, Ýazgylara görä hem üçünji güni direldi» (1 Korint.15:3–4) diýen ýönekeý hakykaty äsgermezlik etmäge uly isleg oýarmaly bolýar. Özüň göz ýetir Huşuny ýitirme baradaky hyýaly rowaýatlaryň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 19-njy babynyň 30-35-nji aýatlaryny oka. Näme üçin esgerler Isanyň injiklerini döwmediler? Isanyň ölendigini (az bolanda) näçe esger bildi? 35-nji aýatda kim barada gürrüň berilýär? Siziň ynanmagyňyz üçin ol haýsy hakykaty aýdýar? Markusyň Hoş Habarynyň 15-nji babynyň 42-47-nji aýatlaryny oka. Bu aýatda Isanyň ölendigini gören näçe sany şaýat agzalýar? Mattanyň Hoş Habarynyň 27-nji babynyň 62-66-njy aýatlaryny oka. Ruhanylar we fariseýler Isanyň ölendigine ynamlydylarmy? 63-nji aýada uns ber — Isanyň direlmäge söz berenini bileni üçin olar Isany haçdan diri düşürip bilermidiler? Seniň okanlaryňa laýyklykda, Isanyň (yzyna eýerenlerden we dostlaryndan başga) näçe duşmany ölüminiň şaýady boldy? 16. GÖZDAŇDY OÝNUMY? Gabyrhanany çalyşandyklary baradaky hyýaly rowaýat «Näme diýsene Lizzi, men saňa hemme zady gürrüň berjek. Ýöne biziň gören zatlarymyz gaty geň ýaly bolup görner! Diýmek, men, ýene bir Merýem... ýene kim bardy...? Oýlanmaga goý, hä, hawa, Salomiýa we... kellämdenem çykypdyr... häzir ýadyma düşer...» «Sen aýtjak dälmi ahyryn?» — diýip, Ýelizaweta ony howlukdyrdy. «Sabyrly bol! Häzir gürrüň berýän, hemme zady tertip boýunça gürrüň bermek gerek ahyryn. Ine şeýle, biz gabyrhana tarapa gün çykan badyna ugradyk. Dogry, entegem garaňkydy, özüň bilýäň, köýnegiň etegine basmajak ýa-da kerebe büdremejek bolup, aýagymyzyň aşagyna seretmeli bolýardyk…» Ýelizaweta gözlerini gaharly elek-çelek etdi. Merýem: «Bolýar, bolýar, — diýdi. — Eýýäm aýdyşym ýaly, biz gabyrhana tarap ugradyk, ýöne agşam hem ol ýerde Isanyň ýatandygyna seretmezden, gabyrhana boşdy. Düşünýäňmi, Lizzi? Ol ýer boşdy. Onuň içinde hiç kim ýokdy. Düýbünden hiç kim ýokdy!» Ýelizaweta öz jorasynyň ýüzüne çiňerlip seretdi. «Siziň gabyrhanany çalyşmandygyňyza gözüňiz ýetýärmi?» «Meniň gözüm ýetýärmi? Görsene muny, Lizzi! Näme barada soraýandygyňa özüň düşünýäňmi? Gabyrhanany çalyşmandygymyza meniň gözüm ýetýärmi? Sen näme maňa jinnek ýalyjagam ynanaňokmy? Meniň ol ýerde ýeke özüm däldim ahyryn…meniň ýanymda başga-da adam bardy, galyberse-de, Merýem ikimiz agşam, şondan köp wagt geçmezden öň hem ol ýere baryp gaýdypdyk. Eger biz gabyrhanany çalyşan bolsak, muny ýanymyzdakylaryň hiç bolmanda biri bilmezmidi? Sen bizi şeýle samsyk saýýaňmy? Eger biz gabyrhanany çalyşan bolaýanymyzda-da, perişdäni näme etjek? Men saňa entek perişde barada aýtmadym ahyryn. Şeýle dälmi? Ine şeýle, sen biler ýaly aýdýaryn, boş gabyrhananyň agzynda ýyldyrym ýaly ýalkym saçyp duran perişde duran eken! Ol bize gorkmaly däldigimizi, Isanyň direlendigini göni aýtdy. Näme, seniň pikiriňçe perişde-de gabyrhanany çalşyp, biziň Mesihi jaýlan ýerimizden başga gabyrhanada peýda bolaýdymyka? Şeýlemi?» «Men beýle pikir edemok, ýöne…» «Onda näme, eger sen meni şeýle sadadyr öýdýän bolsaň, onda Petrus bilen Ýahýa hem menden öň däldir diýip hasaplaber! Sebäbi men derrew olaryň ýanyna ylgadym. Olar hem boş gabyrhana tarap düňk ýasadylar! Men olaryň yzyna zordan eýerýärdim! Mundan başga-da, hanym sen gabyrhanany çalyşmadyňyzmy diýýärsiň, sen bir zady maňa aýt, Iýerusalimde rim möhüriniň yzlary galan gabyrhana başga-da barmy?» «Hawa, men ýöne bir…» «Bolýar, onda sen ruhanylar, garawullar barada näme aýdyp bilersiň? Olaram Isanyň haýsy gabyrhanada ýatanyny bilmedimikä? Diýeli, biz başga gabyrhana gidipdiris, ýöne olar barmaly ýerine baryp: “Hä! Ine biz sizi paş etdik! Jeset öňki ýatan ýerinde ýatyr!” diýmezmidiler? Heýem olar şeýle etmezmidiler?» Ýelizaweta ellerini galdyryp: «Bagyşla meni, bolýarmy? Şeýle samsyk zatlary kellä getirmek meniň pikirimde-de ýokdy». Gynansak-da, şeýle pikir edýän diňe Ýelizaweta däl. Kirsopp Leýk gabyrhanany ýalňyşan öýdülýän aýallaryň Isanyň jesediniň ýitendigini hemmelere aýdandygyna esaslanyp, bütin bir nazaryýet ýaýratdy. Emma Merýemiň Ýelizaweta çürt-kesik aýdyşy ýaly, ruhanylaryň köşkden ýa-da Iýerusalimdäki rim galasyndan gabyrhana çenli eden on bäş minutlyk gezelenji, direliş baradaky hemme gep-gybatyň soňuna nokat goýardy. Ýöne, elbetde, beýle zat bolmady. Aýallaryň baran gabyrhanasy hakykatdanam Isanyňkydy. Ol gabyrhana boşdy. Özüň göz ýetir Gabyrhanany ýalňyşandyklary baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Mattanyň Hoş Habaryndan bir bölegi oka (27:57–28:15). Gabyrhananyň ýerleşýän ýerini kimleriň dogry bilmeli bolandygyny görkez: Matta 27:59, 60 ___________________________________ Matta 27:61 ______________________________________ Matta 27:62–66 ___________________________________ Matta 28:2–4, 11 __________________________________ Ýahýa Isanyň jaýlanan ýerini bilmeli bolan ýene bir adamy agzaýar (Ýahýa 19:38-41). Şol adam kim? Isanyň jaýlanyşyny aýallaryň görendigini Matta ýaly Markusyňam, Lukanyňam ýazandygyna üns ber (Matta 27:61; Markus 15:47; Luka 23:55). Näme üçin olaryň hemmesi muny ýazdyka? 17. GIZLENPEÇEK OÝNUMY? Jesedi ogurlandyklary baradaky hyýaly rowaýat Ogurlanan jeset baradaky hyýaly rowaýat ilkinji gezek Mukaddes Kitabyň özünde aýdylyp geçilýär. Isa ölümden direlenden soň, gabyrhanany goran garawullar ruhanylaryň ýanyna gelip, bolan wakany gürrüň berýärler. Matta şeýle ýazýar: Olar-da ýaşulylar bilen ýygnanyşyp maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip, şeýle diýdiler: «Halka: “Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak Onuň meýdini ogurlapdyrlar” diýiň. Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys». Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär. Matta 28:12–15 Jesediň ogurlanyşy baradaky hyýaly rowaýatyň gelip çykyşynyň Täze Ähtde düşündirilýändigine seretmezden, käbir adamlar häzirem şägirtleri Isanyň jesedini gizläp, gizlenpeçek oýnuny oýnapdyr, şeýdibem hokga çykarypdyr öýdýärler. Bu waka köp sebäplere görä ynanmak asla mümkin däl. Mysal üçin, Isany jaýlanlaryndan soň gabyrhananyň agzyna goýlan daş adamlaryň ýaýradan gybatyndaky agzalýan, suw çala degenden kölüň suwunyň ýüzünde ýüzüp ýören daşjagazlardan diýseň tapawutlanýardy. Tekstlerden alnan habarlara hem-de Jorji kollejiniň iki professorynyň eden hasaplamalaryna laýyklykda, şol daş bäş fut bolup, iki tonna golaý agramy bolupdyr. Gabyrhanany taýýarlan mahaly, daş belli bir wagta çenli gabyrhananyň girelgesine alyp barýan çuň çukura togalanyp gitmez ýaly, daşy gerek ýerine goýmak üçin, oňa direg goýup, işçileriň bütin bir toparynyň işlän bolmagy mümkin. Isany jaýlan wagty bolsa, diregi aýrandyrlar, şonda çekiş güýji hem öz işini edendir: daş togalanyp gidip, gabyrhana geýlendir. Ony bolsa girelgeden diňe güýçli erkekleriň uly topary kynlyk bilen aýryp bilerdi. Hut şonuň üçin hem pesahyň dynçgüni irden gabyrhana tarapa ugran aýallar özlerinden: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýip soraýardylar. (Markus 16:3). Mundan başga-da, ruhanylar jesediň ogurlanmagynyň öňüni almak üçin rim häkimi Pilatusdan gabyrhananyň agzyna garawul goýmaga rugsat aldylar. Rim garawullarynyň topary on dört ýa-da on alty adamdan ybaratdy. Garawullaryň her biri-de töweregindäki alty fut ýeri goramaga türgenleşen adamdy. On alty adam adatça her tarapdan dört inedördüli emele getirýärdi. Olar bütin bir batalýonyň hüjümine gaýtawul berip, otuz alty ýard (bir ýard üç futa barabar) ýeri goramalydylar. Agşam düşende bolsa, dört adam goralýan zadyň öňünde ýerleşýärdiler, galan on ikisi bolsa, goralýan ýeriň daşynda ýarym töweregi emele geitrip, kellelerini töweregiň merkezine öwrüp ýatýardy. Şeýlelikde, şunuň ýaly ygtybarly goralýan zady ogurlamak üçin ogry ýatan adamlaryň ýanyndan (elbetde, uklaman duran dört adamyň hem ýanyndan) geçmeli bolardy. Her dört sagatdan uklap dynjyny alan dört garawul täze güýç bilen işe başlaýardy, öňki gullukda duranlar bolsa, dynç alyp bilýärdiler. Olar gije-gündiziň dowamynda şeýdip çalşyp durýardylar. Bu garawullaryň sypaýy gezelenç edýän adama asla meňzeş däldigini bellemek gerek. Olar söweşmek üçin niýetlenen howply diri maşynlardy. T. J. Taker özüniň «Neronyň we resul Pawlusyň rim dünýäsindäki durmuşy» diýen kitabynda şeýle esgerleriň birini suratlandyrýar: Onuň döşüni we eginlerini gat-gat edilen ýa-da uly bolmadyk teňňejiklerden düzülen, demir ýa-da bürünç gatlaklary bilen örtülen gaýyş örtük ýapyp durdy. Kellesinde tekiz goraýjy tuwulga bardy. Ol sag elinde meşhur rim naýzasyny tutup durdy. Alty futdan gowrak uzynlykda bolan bu berk ýaragyň agaç sapa birikdirilen ýiti demir peýkamy bardy. Esger ony sanjyp-da, naýza hökmünde zyňyp-da bilýärdi. Mundan başga-da, onuň ýakyndaky uruş üçin gylyjy-da bardy. Çep elinde galkan bardy. Ony diňe elde tutmak däl-de, sag egninden asylan kemerden-de asmak mümkindi. Galkany arkaýyn işletmek üçin esger gylyjy, has dogrusy, uzynlygy üç futa ýetýän, çapmak üçin niýetlenen däl-de, sünjülýän ýaragy çep egniniň üstünden aşyrylan kemeriň kömegi bilen sag tarapyna asyp bilýärdi. …Esgeriň çep gapdalynda hanjar asylgydy. Jesediň ogurlanandygy baradaky hyýaly rowaýaty halaýan adamlar, megerem, beýan edilen wakalaryň öň ýanyndaky güni gorkak towşan ýaly gaçyp giden birnäçe şägirt rim esgerleiniň söweşlerinde taplanan, dişine çenli ýaraglanan topar bilen söweşe girme kararyna gelipdirler diýip, pikir edýän bolmaly. Olar ýa-ha esgerleri ýeňen bolmaly, ýa-da olar uklap ýatyrka, ýanlaryndan ogrynça geçip, ýekeje garawuly hem oýatman, agramy iki tonna bolan daşy ýapgytdan togalapdyrlar. Soň bolsa, wakanyň doly suratda bolmagy üçin şägirtler Isanyň jesedini äkidip, Ony bir ýerlerde gizläpdir, soň bütin dünýä ýalany ýaýratmak üçin (olar munuň ýalandygyny bilýärdiler ahyryn) birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda üstünden gülünmeleri, gynamalary we ezýetleri çekipdirler. Muňa bolsa ynanmak has-da kyn. Garward uniwersitetiniň hukuk boýunça hünär berýän we şaýatlaryň görkezmesini ret etmek, şaýadyň hakykaty ýa-da ýalan gürleýändigini anyklamak boýunça ders berýän professory Saýmon Grinlifiň aýdyşy ýaly, «eger olar Isanyň ölümden direlendigine berk ynamly bolmasalar, özleriniň hakykaty gürleýändigini aýdyp, ýer depip durmazdylar». Bu gün hakykaty gözleýän islendik adam edil ilkinji mesihiler ýaly, mesihilik ynamynyň haýsydyr bir hyýaly esere ýa-da rowaýata esaslanman, eýsem mazaryň boşdugy we Isa Mesihiň direlendigi baradaky ynamdar taryhy maglumata esaslanýandygyna doly ynamly bolup biler. Özüň göz ýetir Isanyň jesediniň ogurlanandygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Korintoslylara birinji hatyň 15-nji babynyň 1-8-nji aýatlaryny oka. Pawlus haýsy üç wakany wajyp hasaplaýar: näme __________________________________________ näme __________________________________________ näme __________________________________________ Pawlusyň sözleri boýunça ölümden direlen Mesihi (az bolanda) näçe adam gördi? Pawlusyň şol bäş ýüz doganyň hemmesiniň (6-njy aýat) entek diridigi baradaky sözleriniň nähili ahmiýeti bar? _______________________________________________ _______________________________________________ _______________________________________________ Eger bäş ýüz şaýadyň her birine bäş minut wagt berlen bolsa, onda olary diňlemek üçin kyrk iki sagat gerek bolardy. Kazyýet mejlisiniň gidişinde köp ýagdaýlarda görkezme berip bilýän iki ýa-da üç şaýat bolýar. MESIHILIK WE MESIHILER BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 18. ORS ÜÇIN GOWY ZAT — ALMAN ÜÇIN ÖLÜM Bu dünýädäki hemme zadyň hiç neneň hem dälligi baradaky hyýaly rowaýat Stefani şeýle diýdi: «Nämäniň gowudygy, nämäniň erbetdigi baradaky öz pikiriňize meni ynandyrjak bolmaň. Men on sekiz ýaşap barýan. Maňa takal okamaňyzy bes ediň. Eger siz bir zady etbet hasaplaýan bolsaňyz, bu şol zadyň meniň üçin hem etbetdigini aňlatmaýar». Stefani şeýdip öz ene-atasy bilen arasynda bolýan garşylyklary köplenç uly çekeleşige alyp barýardy. Bu bolsa, ahyrynda ony nämäniň «gowudygy», nämäniň «etbetdigi» baradaky şahsy düşünjesine eltýärdi. Şeýdip ol şeýtanyň: «Dogrumy ýa-da nädogry, gowumy ýa-da etbet — bu zatlaryň hemmesi-de hiç neneň hem däl… iň esasy zat — seniň üçin nämäniň dogrudygyna düşünmek we şahsy ahlagyň kadalaryny işläp düzmek» diýýän ýalanynyň pidasy boldy. Elbetde, Stefani ýeke däl. Köp adamlaryň pikiriçe, olar öz şahsy ahlak kanunyny çykaryp, özleri üçin nämäniň erbetdigini, nämäniň gowudygyny özbaşdak kesgitläp, öz hakykatyny tapyp bilýärler. Allan Blum özüniň «Amerikan akyl ýetirişiniň çäkliligi» diýen kitabynda: «Islendik professor bir zada doly ynamly bolup biler: her bir talyp uniwersitete girmek bilen, hakykat takyk zat däl diýip pikir edýär» diýýär. Alsynda bu hyýaly rowaýat. Ahlaklylyk takyk zat däl diýmelik nädogrudyr. «Dogry» we «nädogry» diýen düşünjeler ara alyp maslahatlaşmaga degişli däl. K. S. Lýuis özüniň «Ýöne mesihilik» diýen kitabynda şeýle diýýär: «Her gezek “dogry” we “nädogry” diýen düşünjeleri hasap etmeýändigini aýdýan adama gabat geleniňizde, onuň bir minutdan soň şol aýdan sözünden ýüz öwürjegine ynanaýyň. Ol size beren sözünde durmaz. Emma siz şuňa meňzeş bir zat etjek bolaýsaňyz welin, gözüňizi gyrpyp ýetişmänkäňiz ol derrew gygyryp, siziň akýüreksiz iş edýändigiňizi aýdar». Şeýle ýagdaýda “dogry” we “nädogry” diýen düşünjeleriň bardygyny boýun almaga mejbur bolýarys. Käwagt adamlar olary hasapda köp ýalňyşyşy ýaly çalşyp bilerler. Islendik ýagdaýda-da, bu düşünjeler, köpeltmek görkezgijindäki ýaly, biriniň meýli ýa-da pikiri bilen baglanyşykly däl». Iň geň galdyryjy ýeri-de, ýagşyny ýamandan tapawutlandyrmak üçin siziň pelsepewi bilimiňiziň bolmagy hökman däl. Resul Pawlus hatda On tabşyryk barada hiç haçan eşitmedikleriň hem «Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny» görkezýär (Riml. 2:15). Ýene-de Lýuisiň sözleri bilen aýtsak, «nämäniň dogrudygy, nämäniň nädogrudygy baradaky bu kanun ýa-da düzgünnamalar toplumyny ozal “tebigatyň kanuny” diýip atlandyrýardylar…sebäbi hemme zat tebigatdan belli bolşy ýaly, olary hiç kime öwretmek gerek däl diýip, adamlar pikir edýärdiler». Şeýle-de bolsa, size «erbet» bolan zadyň olar üçin hem erbet bolmagynyň hökman däldigini aýdýan adamlar bar. Ýöne olara hiç kimi aldamak başartmaz. Olaryň öz hereketlerine aklama tapmaga ýa-da olary hemme zadyň takyk däldigi baradaky hyýaly rowaýatyň kömegi bilen düşündirmäge edýän synanyşyklary şol adamlaryň, bolsa-da, ýüreginiň jümmüşinde ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilýändigi baradaky maglumaty tassyklaýar. Olar «Hakylat näme?» (Ýahýa 18:38) diýip, meşhur soragy beren Pontius Pilatusa meňzeş bolýarlar. Bu soragyň ajy gülküsi şol pursatda Hakykatyň Özüniň onuň öňünde durandygynda jemlenen! Özüni «ýol, hakykat we ýaşaýyş» hökmünde açan Isada Pilatusyň gözleýän jogaby jan-ten bolup durdy. Emma Rim häkimi barybir jan-ten bolan hakykaty tanap bilmedi. Özüň göz ýetir Hemme zadyň takyk däldigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Ysraýyl Serdarlarynyň Kitabynyň 17-nji babynyň 6-njy aýadyny oka. Şuňa meňzeş hyýaly rowaýat şu kitapda ýazylan döwürde ýaýran diýip aýtmak mümkin, sebäbi «her kim özüne zatlary etdi». Süleýmanyň Tymsallary Kitabynyň 14-nji babynyň 12-nji aýadyny oka. Bu tymsalda şu kitabyň 16-njy babynyň 25-nji aýadynda gaýtalanýan «adamyň gözüne dogry görünýän» ýollar barada näme diýilýar? Olar nirä alyp barýar? Seniň pikiriňçe, bu tymsal nämäni aňladýar? Işaýa Pygamberiň Kitabynyň 45-nji babynyň 19-njy aýadyny oka. Bu aýada laýyklaykda, kim dogrusyny aýdyp, hakykaty açýar? Hoşeýa Pygamberiň Kitabynyň 14-nji babynyň 10-njy aýadyny oka. Soňky iki setirde adamlaryň nähili iki topary ýatlanylýar? Sen özüňi şolaryň haýsysyna degişli edýärsiň? Başgaça aýtsak, sen Rebbiň ýollaryndan ýöreýäňmi ýa-da olarda büdreýäňmi? Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň 31-32-nji aýatlaryny oka. Isa hemme taraplaýyn dogry ýa-da nädogry zat bar diýip pikir edýäne meňzeýärmi ýa-da Onuň sözleri başga bir zat barada gürrüň berýärmi? Onuň sözlerine görä, näme hakykaty tanamagyň netijesi bolýar? 19. HEMME ZATLARA DEŇEŞDIRMEDE GÖZ ÝETIRILÝÄR Hudaýyň hemme zady umumy maýdalawja getirjekdigi baradaky hyýaly rowaýat Meniň ýer ýüzünde iň ýaman adam bolmagym mümkin, ýöne näme-de bolsa, onuň ýaly erbet adam däl. Gulak asyň, men ol ýigit barada size köp zat aýdyp biljek. Biz bir-birimize ýakyn ýaşaýardyk. Köçelerde bile gürrüň ederdik. Şonuň üçin hem men ol barada köp zat bilýärin. Ol hemişe edepsiz we tekepbirdi. Men bolsa köplenç suwdan ýuwaş, otdan pes bolýardym. Bir gün ony polisiýa äkitdiler; men bolsa, hemişe häkimiýetlere höwes bilen kömek edýärdim. Ony birnäçe gezek türmä basdylar; men bolsa, hiç haçanam kanuny äsgermezçilik etmedim. Bir gezek ol göni ruhanynyň gözüniň alnynda bir adama topuldy. Başda-da aýdyşym ýaly, meniň mukaddes ýa-da şuňa meňzeş bir zat däl bolmagym mümkin, ýöne bir zady hökman aýtjak: «Iuda Simun Petrusdan has gowy!» Elbetde, siz Iuda özi barada hiç haçan şunuň ýaly sözleri aýtmandy diýersiňiz. Emma biziň ol barada aýdan zatlarymyzyň hemmesi — hakykat. Bu wakanyň taryhy hemmelere mälim. Iuda Isa dönüklik etdi we özüni asyp öldürdi. Petrus bolsa, Rebbi ret etse-de, toba etdi we bagyşlanyldy. Ol ýygnagyň iň tanymal öňbaşçylarynyň biri boldy. Biziň Iudanyň agzyna salan sözlerimiz köp adamlaryň duýýan zatlaryny diýseň takyk görkezýär. Olar: «Meniň spirtli içgini bir-iki gezek içen bolmagym mümkin? Ýöne men bir dostum ýaly serhoş bolmadym» diýýärler. Ýa-da: «Hawa, men nusga alarlykly däl, ýöne ol aýal ýaly gybat ýaýradyp ýöremok». Köplenç: «Goý, men mukaddes bolmaýyn. Ýöne ol adam ýalyny mesihi saýýan bolsalar, onda men gürrüňsiz jennete düşerin» diýýärler. Alsynda bu beýle däl. Mekdepde mugallym oňünden ortaça ballary hasaplap baha goýanda, bu hemmelere ýaraýar. Şeýle bolanda mugallym hemme ballary ýazyp alýar-da, olary goşýar, synpdaky okuwçylaryň mukdaryna bölýär we otraça baly çykarýar, soň bolsa, seniň ballaryň mukdary şol ortaça derejeden ýokarymy ýa-da ýok, şoňa laýyklykda baha goýýar (elbetde, hemişe haýsydyr bir Eýnşteýn sebäpli ortak okuwçynyň bahasyndan ortaça derejäniň has ýokarrak bolýan wagty tapylýar). Bu ulgamyň iň gowy ýeri-de, ýagdaýy has erbeträkler barka, sen özüňe zor salman, barybir synaglaryňy gowy tabşyryp bilýänligiňdedir. Käbir adamlar bu tejribeden nusga alýarlar-da, onuň esasynda durmuş, Hudaý we dogrulyk baradaky öz düşünjelerini gurýarlar. Aslynda Hudaýyň hemme zady umumy maýdalawja alyp barýandygy baradaky pikir — bu hyýaly rowaýat. Mukaddes Kitaby okanyňda, netije çykarmak üçin Hudaýyň Sýuzi bilen Jonnini deňeşdirip oturmajakdygy belli bolýar: «Näme diýsene Sýuzi, sen ol adam ýaly erbet däl, şonuň üçin jennete hoş geldiň, Jonni, saňa bolsa, üç belgili gapynyň aňyrsynda garaşýarlar». Bu zatlar beýle däl. Bir gezek Isanyň ýanyna Nikodimos atly adam gelýär. Ol fariseýdi, ýahuda ýaşulylar maslahatynyň agzasydy, jemgyýetiň hemişe hemme zady dogry edýän meşhur adamsydy: dogry gürleýärdi, dogry ynanýardy. Emma Isa oňa: «Eý, Nik, eger bir adam jennete düşmeli bolsa, ol hem sensiň!» diýmedi. Munuň ýerine Ol oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» (Ýahýa 3:3) diýdi. Siziň Jenni Maýersden gowy bolmagyňyz wajyp däl. Eýb Landersden az içýändigiňizem wajyp däl ýa-da Skott Jeksondan ýygnaga köp gatnaýandygyňyzyňam zerurlygy ýok. Isanyň sözlerine laýyklykda, siziň «ýokardan dogulmagyňyz» wajyp. Özüň göz ýetir Hudaýyň hemme zady umumy maýdalawja alyp barjakdygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Aşakda ýazylanlary oka. Mukaddes Kitapda ýok bolan jümleleri çyz: A. Ýokardan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez. B. Hiç kim öz peýdasyny gözlemän, başgalara ýagşylyk etmäge çalyşmaly. C. Men adalatly göreşde ýeňdim, men öz ýolumy gutardym we tanaýanlarymyň hemmesinden gowy durmuşda ýaşadym. D. Ýygnakdaky ýygnanyşyklary sypdyrma, sebäbi sen diňe şol ýerde halas bolýarsyň. E. Dostlaryňyň saňa açyp beren ýolundan çykma. F. Saklanylýan zatlaryň hemmesinden gowurak meniň tabşyryklarymy saklaň, şeýtseňiz Hudaýyň Patyşalygyny görersiňiz. G. Reb Isa iman ediň, beren sadakaňyzyň (ondan bir bölegiňiziň) siziň ýakynyňyzyň beren sadakasyndan köp bolmagy üçin alada ediň, şeýtseňiz halas bolarsyňyz. H. Eger toba etmeseňiz, hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz. (Jogaplar: A-dan (Ýahýa 3:3) we H-dan (Luka 13:3) başga hemmesini çyzmaly). 20. GÖKDÄKI AT TUTULMADA HEMMELEREM BOLAR Umumy gutulyş baradaky hyýaly rowaýat Dynçgüni mekdebinde bir sapakda on alty ýaşly Samanta: «Meniň pikirimçe, mesihileriň, buddistleriň, musulmanlaryň arasynda uly tapawut ýok. Hemme dinleriňem özeni bir: biziň hemmämizem jennete barmak isleýäris, ýöne ol ýere barmak üçin dürli ýollary saýlap alýarys» diýende, hemmeler haýran galdy. Samanta, belki, köp adamlaryň özi ýaly pikir edýändigini bilýän däldir. Olaryň hemmesi çykyp, bu zatlary aýtmak gerek diýip hasaplamasa-da, olar uniwersalizme — islendik diniň tarapdary islendik ýagdaýda-da jennete barýar diýen pikire ýykgyn edýärler. Hatda şunuň ýaly aň-düşünjeleri wagyz edýän «uniwersalist ybadathanalaram» bar. Mesihilik ynamynda terbiýelenenleriň köpüsi (mysal üçin, Samanta ýalylar) bu pikire bilip durup ýykgyn edýärler. Emma bu toslama. Bu Mukaddes Kitabyň öwredýän zatlaryna gabat gelmeýär. Isa şeýle diýdi: Dar gapydan giriň; çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr. Matta 7:13–14 Pikirlenip görüň: adamlaryň gutulyşy tapyp, göklerde bakylykdan lezzet alyp bileri ýaly, Hudaý adama öwrüldi, ezýet çekdi we haçda azaplar içinde öldi. Indi bolsa, köp asyrlaryň dowamynda Onuň söýgüsini kabul eden ýa-da ret eden adamlary göz öňüne getirip görüň. Munuň yz ýanyndan hem Isanyň günälerden satyn alma gurbanlygyna bolan ynamynyň özlerine zorluk, gynama we ezýetli ölüm getiren adamlaryna içki nazaryňy aýla. Ahyrynda-da, bütin adamzadyň Hudaýyň öňünde duran, Onuň hem ilki bilen Isanyň gurbanlyk söýgüsini kabul eden köpçülige, soňam Ony ret eden märekä nazar aýlaýan soňky pursatyny göz öňüňe getir. Soň şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň: Hudaý egnini gysyp: «Bu ýerde näme bar, saýlar ýaly zat ýok. Hemmäňizem giriberiň!» diýýär. Beýle bolmaz. Munuň sebäbi, Hudaýyň kimdir biriniň bakylykda dowzahda bolmagyny isleýändigi üçin däl. Gaýtam tersine, Mukaddes Kitap Hudaýyň «…hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýändigini» (2 Perus 3:9) aýdýar. Uniwesialistler şeýle delil getirýärler: «Söýýän Hudaýyň kimdir-birini dowzaha goýberip biljekdigine men düşünmeýärin». Emma Hudaý adamlary dowzaha goýbermäge çalyşmaýar. Ol ejir çekmek we Özüne ynanýanlara baky durmuşy sowgat bermek üçin geldi. Gaýtam hemme zat başgaça, bakylykda nirede bolmalydygyny adamlaryň özleri saýlaýar. Köpleriň tekepbirlik bilen Hudaýyň söýgüsinden boýun gaçyryp, dowzahdaky bakylygy saýlaýandygy Mukaddes Kitapda açyk aýdylan. Hut şonuň üçin hem mesihi Isanyň: «…gidiň-de, bütin milletlere öwrediň» (Matta 28:19) diýen tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidir, sebäbi Mukaddes Kitaba laýyklykda, toba üçin başga bir günüň bolmazlygy mümkin. Özüň göz ýetir Umumy gutulyş baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 6-njy babynyň 68-nji aýadyny oka. Isanyň yzyna eýerenleriň köpüsi Ony terk edende, Isa Simun Petrusdan we beýleki şägirtleriden: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip sorady. Petrus näme diýip jogap berdi? «Biz kime baraly» diýen sorag nämäni aňladýar? Şu aýatda Petrus baky ýaşaýşa alyp barýan näçe ýoly agzaýar? Ýahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji babynyň 6-njy aýadyny oka. Bu ýerde göklere nädip barmalydygy barada Isanyň Özi gürrüň berýär. Bu aýatda Isa Hudaýa barýan näçe sany ýol görkezýär? Bu aýatdaky: «Mensiz hiç kim...» diýen sözler nämäni aňladýar? Ylham kitabynyň 20-nji babynyň 12-15-nji aýtlaryny oka. Mukaddes Kitapda Höküm güni näme boljakdygy barada aýdyň pygamberlik bar. Şu aýatlara laýyklykda jennete hemmelerem barýarmy? (Ýerdäki durmuşyndaky şahsy saýlawy boýunça) Ady ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklara näme bolýar? Korintoslylara 2-nji hatyň 13-nji babynyň 5-nji aýadynda berlen görkezmelere eýerip, şu aýatda berlen soraglara jikme-jik we dileg bilen jogap bermek üçin birnäçe minut wagt aýryp goý. 21. BILÝÄN ZATLARYŇYZ WAJYP DÄL, TANAÝAN ADAMYŇYZ WAJYP Mesihiligiň aňyýetdigi baradaky hyýaly rowaýat Günbataryň abraýly uniwersitetleriniň biriniň talyplary Maýk bilen Brendon tomus rugsadyndan soň duşuşanlarynda, özleriniň söýgüli mugallymlary barada gürrüň etdiler. «Bilýäňmi, Günbatar jemgyýetçilik ösüşi boýunça dersi ýene-de Stendiş berýär! — diýip, Maýk zeýrendi. — Bu ýigit duranja milletparaz! Diňe Angliýanyň taryhy boýunça Nilondygy meni begendirýär». «Ha…wa. Mende ýene-de Kristos bar» — diýip, Brendon aýtdy. «Aý goýa, haýsy ders boýunça?» «Hemmesi boýunça». «Hemmesi boýunça?» «Hawa». «Ol barlag işini köp berýärmi?» «Ýok». «Siz onuň öwreden zatlaryny ýat tutmalymy?» — diýip, Maýk sorady. «Ýok-la» — diýip, Brendon jogap berdi. «Onda ol ýigit sizi näme etmäge mejbur edýär?» «Umuman, diňe ony gowy tanamaga. Ol biziň özi bilen tanyşmagymyzy, onuň nähilidigini bilmegimizi we aragatnaşygy giňeltmegimizi isleýär». Munuň ýaly mugallymy göz öňüne getirmek aňsat däl, şeýle dälmi? Ýöne şolar ýalylar bar. Köp adamlar mesihilik hem dünýädäki beýleki islendik bir din ýaly, ynamlar ulgamy, taglymatlar toplumy ýa-da özüňi alyp barmagyň düzgünler ýygyndysy pelsepe we aňyýetdir diýen pikire eýerýärler. Emma bu hyýaly rowaýat. Mesihilik buddizme ýa-da yslama, konfusiançylyga düýbünden meňzeş däl. Soňky üç dini esaslandyryjylar aslynda şeýle diýdiler: «Men şeýle we şeýle zatlary öwredýärin. Meniň taglymatyma ynanyň». Emma Isa: «Meniň yzyma düş» (Matta 9:9) diýdi. Dünýä dinleriniň serkerdeleri: «Siz meniň taglymatym barada näme pikir edýärsiňiz?» diýdi. Isa bolsa: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» (Luka 9 20) diýdi. Islendik dine ynanýan adamlaryň köpüsi özlerine: «Men haýsy aňyýetiň tarapdary?» diýip sorag bermelidirler. Mesihi bolup biljek adam özünden: «Men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» (Matta 27:22) diýip soramalydyr. Mesihilik din däl. Bu iki taraplaýyn gatnaşyk. Mesihilik ynamlar ulgamy ýa-da taglymatlar ýygyndysy däl. Bu ýerde esasy zat — Şahsyýet. Hut şonuň üçin hem Isanyň üstünden edilen höküm görnüşi boýunça ýeke-täkdir. Sud düşünişmeleriniň köpüsi günäkärlenýäniň eden hereketiniň esasynda gurulýar. Isany bolsa, Hudaýyň Ogly bolandygy üçin kazyýet mejlisinde aýypladylar. Hoş Habarçy Markus Isany mejlisiň öňünde sorag edenlerinde, kazyýet mejlisinde birnäçe ýalan şaýatlaryň bolandygyny, olaryň görkezmeleriniň garşydaş bolup, ynandyryjy bolmandygyny ýatlap geçýär. Soň Markus şeýle ýazýar: «…Baş ruhany ýene Oňa sorag berip diýdi: “Mübärek Hudaýyň Ogly Senmisiň?”». Şonda Isa ýehudylar üçin göni Hudaýa degişli bolan «Mübärek» sözüne seslenip: «Men» diýip jogap berdi. Şonda baş ruhany mejlisiň höküm çykararyna garaşman, öz eşigini ýyrtdy. Şeýdibem Isanyň Özüni Hudaý diýip yglan edip, Hudaýa dil ýetirendigini düşündirdi. Şeýlelikde, kazyýetdäki agzalalyk Mesihiň şahsyýeti baradaky — Ol kim diýen soragy ör boýuna galdyrdy. Hut şunuň özi hem mesihiligiň tapawutlanýan nyşanydyr. Bu aňyýet däl; mesihilik Mesihiň şahsyýetine esaslanýar hem-de Onuň bilen iki taraplaýyn gatnaşygy talap edýär. Mesihilik ynamynyň dogrulygy Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigi bilen tassyklanýar. Isa bilen fariseýleriň arasyndaky gapma-gapşylyk hem şunuň üçin emele geldi. Fariseýler iň wajyp zat Kanuny, Mukaddes Kitap talaplaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek diýip pikir edýärdiler. Isa bolsa, aslynda: «Ýok beýle däl. Kanuna boýun bolmaklyk Meniň bilen şahsy aragatnaşyklary aňlatmalydyr. Meniň taglymatyma eýermeklik sizi mesihi etmeýär. Bu diňe Meniň bilen söýgä esaslanan şahsy aragatnaşyklar arkaly mümkin bolýar» diýdi. Özüň göz ýetir Mesihiligiň aňyýetdigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Mattanyň Hoş Habarynyň 26-njy babynyň 63-65-nji aýatlaryny oka. Baş ruhany Isadan näme edendigini soradymy ýa-da Kimdigini? Isa näme jogap berdi? Ruhany Onuň jogabyny nähili kabul etdi? Markusyň Hoş Habarynyň 15-nji babynyň 37-39-njy aýatlaryny oka. Isanyň haçdaky ölüminiň şaýady bolan ýüzbaşy näme diýdi? Onuň sözleri Isanyň taglymaty baradamydy ýa-da Onuň Özi barada? Mattanyň Hoş Habarynyň 27-nji babynyň 41-43-nji aýatlaryny oka. Isa Öz üstünden gülenleriň sözlerine laýyklykda, Özi barada näme diýdi? 22. AKYLLYLARA GIRMEK GADAGAN Akylly adamyň mesihi bolup bilmejekdigi baradaky hyýaly rowaýat Waldo öz pikirlerine gark bolup, köçeden howlukman ýöräp barýardy. Onuň ýoly ybadathana tarapdy. Ol: «Hudaýdan gaty köp wagtlap gaçdym. Indi munuň soňuna nokat goýmaly» diýen netijä geldi. «Mundan beýläk beýle dowam edip bolmaz. Men indi günä duýgusyny çekip, günälidigime, durmuşymda bir zadyň ýetmeýändigine düşünibem arkaýyn gezip biljek däl» diýip pikir etdi. Şeýdip ol burçdaky depesini göge diräp duran, daşdan salnan ýygnanyşyk binasyna tarap ädimläp ugrady. «Owadan bina. Yzly-yzyna salynýan aýnadan ýasalan, depesi göge ýetip duran jaýlar ýaly-da däl» diýip, ol öz-özüne aýtdy. Birnäçe jaýlaryň üstünden geçip, ol ýygnanyşyk binasynyň oňüne gelip ýetdi. Rahatlanmaga çalşyp, agaçdan ýasalan uly gapylaryň öňünde saklandy. Ahyrsoňy uludan demini alyp, basgançaklardan ýokary galdy-da, içeri girdi. Ol giren badyna, güneşli meýdandan girenden soň zalyň içine gözi öwrenişer ýaly, girelgede birneme sägindi. «Girjekmisiňiz?» Ses Waldony tisginmäge mejbur etdi. Ol birbada aýaly görmedi. Şonuň üçin hem sesi eşiden tarapyna seretdi. Onuň öňünde bili çalaja bükülen, ak saçlary ýeňsesine toplanan kiçijik aýal durdy. «Siz girmek isleýäňizmi?» diýip, ol gaýtalady. «Hä, hawa, girjek» diýip, Waldo jogap berdi. «Onda gaýrat ediň-de, aklyňyzy beriň» Waldo çala eşidendigine ynandy. Emma aýal öz sözlerini gaýtalady. Bu gezek ol sözler örän aýdyň eşdildi. «Gaýrat ediň-de, aklyňyzy tabşyryň» «Meniň aklym?» «Hawa. Siz ybadathana girýärsiňiz ahyryn, şeýle dälmi?» Waldo başyny atdy. «Siz Mesihiň yzyna eýerme we mesihi bolma kararyna geldiňizmi?» «Hawa». «Näme diýseňizläň, onda siz öz aklyňyzy şu ýerde goýmaly. Ol indi size gerek bolmaz. Biz onuň üstüne siziň adyňyz ýazylan tagtany asyp goýarys. Ol bu ýerde saklanylar. Tolgunmaň, hemişe-de şeýle edilýär. Eger siz mesihi bolmakçy bolsaňyz, onda aklyňyzdan el çekmeli bolýarsyňyz». Elbetde, Waldo baradaky waka — toslama. Ýöne ol bize köp adamlaryň mesihi bolmagyň nämedigi barada edýän pikirlerine adaty girelgäni suratlandyrmaga kömek etdi. Olaryň pikiriçe, mesihilige girmek üçin aklyňdan el çekmeli. Başga sözler bilen aýdanda, öz ukybyňdan el çekip, pähimli pikirlenmegi bes etmeli. Bu hyýaly rowaýat. Adamzat taryhyndaky köp beýik akyllar mesihiler bolupdy. Olaryň arasynda resul Pawlus, Awgustin, Martin Lýuter, Jon Kalwin, Jon Benýan, Ditrih Benhoffer, Frensis Şeffer bolupdy. Mesihi bolmaklyk — bu öz aklyň bilen baky gapma-gaşylykda bolmaklygy aňlatmaýar. Bu aklyňy has kämil, bütewi etmekligi aňladýar. Adam mesihi bolan badyna köplenç baglanyşyksyz bölekleriň birgeňsi toplumy bolup görnen daşymyzy gurşap alan dünýäniň bir bütewi sazlaşykda birigendigini derrew görýär. K. S. Lýuis özüniň terjimehalynda, ýaş ýigitkä Hoş Habardan nähili gaça durandygyny we oňa gazaply garşylyk görkezendigini, sebäbi mesihiligi paýhassyz ulgam hasap edendigini gürrüň berýär. Şeýle-de bolsa, şol böwet böwsüldi, ol hem «şatlykdan ýaňa haýran galdy». Iman etmeklik oňa diňe akyl-düşünjesiniň lowlap ösmegini we döredijilik güýjüni berdi. Ol «Bozgagyň hatlary» we hemmeleriň gowy görýän alty bölümden ybarat bolan «Narniniň ýazgylary» ýaly edebi işleri arkaly meşhur boldy. Lýu Uolles özüniň geň galdyryjy akylly we döredijilikli ukybyny ulanyp, mesihiligiň güýçsüzdigini subut etme kararyna geldi. Emma Hoş Habaryň güýji «Ben Gur» atly nusgawy eseri ýazan ýazary imana getirdi. Britaniýaly hukukçy Frenk Morison Isa Mesihiň direlendigi baradaky maglumaty ret edýän kitaby ýazmaga hyýallandy. Ol öňünde goýan maksadyna tutanýerlilik bilen ýetmek üçin dykgatly barlag geçirdi, taryhy subutnamalary ýygnady. Netijede akly we zähmedi ony Isa ölümden direldi diýen gutulgysyz netijä getirdi. Şeýdip Frenk mesihi boldy. Hoş Habar öz ukybyňyzdan el çekmekligi sizden talap etmeýär. Gaýtam, ony Pawlusyň ynamy bilen: «…men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene…Hudaýyň gutulma güýjüdir» (Riml.1:16) diýip bilýänçäňiz, mümkin boldugyça has dolurak ulanmagyňyzy talap edýär. Özüň göz ýetir Akylly adamyň mesihi bolup bilmejekdigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň 32-nji aýadyny; Petrusyň birinji Hatynyň 3-nji babynyň 15-nji aýadyny; Resullaryň işleri kitabynyň 17-nji babynyň 2-4-nji aýatlaryny oka. Şeýle hem Resullaryň işleri kitabynyň 17-nji babynyň 16-34-nji aýatlaryny oka. Ol ýerde Pawlusyň Afina gelip, ol epikur (Epikuryň pelsepewi taglymaty) we stoik (gadymy Rimdäki we Gresiýadaky pelsepewi taglymat) pelsepeçileri we areopag (gadymy Afinanyň kazyýet we syýasy häkimetiniň ýokary guramasy) akyldarlary bilen duşuşýar. 23-nji aýada üns ber. Pawlus afinylardan paýhasly pikirlerini taşlamagy haýyş edýärmi? Ol öz bilimleriniň üstüni taglymatlaryna ýetmeýän zat bilen doldurmagy teklip edýärmi? Afinyda iman edenleriň arasynda areopagyň agzasy bolan beýik akyldar hem bardy (34-nji aýat). Ol kim? 23. JEFF WE PROFESSOR Kör iman baradaky hyýaly rowaýat «Diýmek, siz mesihi-dä?» — diýip, professor hondan bärisi bolup, sakgalyny sypady. Kollejiň birinji ýyl talyby Jeff şeýle bir gaty ýuwdundy welin, onuň göwnüne bolmasa, okuw otagynda oturanlaryň her biri ony eşiden ýaly boldy. «Onda maňa aýdyň, — diýip, professor dowam etdi, — siz ýüz göterim ynam bilen Isanyň ölümden direlendigini subut edip bilýäňizmi?» Jeff ardynmaga çalyşdy, ýöne onuň jogaby barybir syçanyň jygyldysyna meňzeş boldy: «M-m, ýok». «Ine görýäňizmi? Nadan, pähimsiz, hemme manydan mahrum bolan kör iman. Ol tagta tarap öwrüldi, kemsidilen Jeff bolsa, arakesmä çenli dym gyzyl bolup oturdy. Onuň haly perişandy. Ýaş wagtymda eger şol ýaş ýigidiň ýerine men bolan bolsam, professor bilen doly ylalaşardym. Şol wagtlar men mesihilik ynamy — bu kör iman diýip pikir ederdim. Şonuň üçin mesihiligiň güýçsüzdigini subut etme niýeti bilen, ony öwrenme kararyna geldim. Ýöne mesihiligi taryhy we Mukaddes Kitap ýörelgesinden köp öwrendigimçe-de, onuň paýhasly, mantyk taýdan düşündirilýän ynamdygyna köp düşündim. Isa yzyna eýerenlere şeýle diýdi: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:32). Ol: «Siz hakykaty äsgermezlik etmelisiňiz» diýmedi. Ol: «Hakykat hakda alada galybam oturmaň» diýmedi. Ol: «Siz hakykatyň garşysyna bolan zada ynanmaly» diýmedi. Ol: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi. Isa Özüne Halasgär we Reb hökmünde iman etmek bilen, biziň akyl-paýhas taýdan özümizi öldürmegimizi talap etmeýär. Ol biziň pikirlenmezden iman etmegimizi islemeýär. Mesihilik ynamy maglumatlara esaslanmalydyr. Jeffiň ynamyna garşy çykan professor, eger siz bir zady ýüz göterim ynamlylyk bilen subut edip bilmeseňiz, onda, munda hiç hili bähbidem, hakykatam ýok diýip pikir etdi. Ol şeýle-de, mesihilik ynamy kör diýip pikir etdi, sebäbi Isanyň ölümden direlenini 100% subut edip bolmaýarmyşyn. Bu hyýaly rowaýat. Biz boljak wakalary öňünden aýtmak örän kyn bolan dünýäde ýaşaýarys. Bu bolsa, bir zady ýüz göterim takyklyk bilen subut etmegiň asla mümkin däldigini aňladýar, kadadan çykma belki matematika ulgamynda bardyr. Awtoulaglary öndürijiler özleriniň täze modelleriniň howpsuzdygyny ýüz göterim ynam bilen subut edip bilmez. Emma maşynlaryň köp sanly agyr synaglardan geçýändigi doly ynandyryjy şubutnamadyr. Kazyýetdäki oturdaşlar güman edilýän adamyň şol işi edendigini ýüz göterim subut edip bilmeýär. Hatda olar onuň çyn ýürekden boýun almasyny gazansalar-da, hemişe öňünden görüp bolmaýan ýagdaýlar bolýar. Mysal üçin, güman edilýän birini goramak üçin ýalan sözlemegi mümkin, ýa-da boýun almaga ony biri mejbur edendir. Ýöne oturdaşlar «hemme şübheden beýik» bolan netijäni çykarmak üçin, maglumatlary ölçerip-dökýärler. Mesihiň ölümden direlmesi-de, Onuň hudaýlyk tebigaty-da, edil şunuň ýaly ýüz göterim ynamlylyk bilen subut edilmeýär. Ýöne bu mesihilik ynamynyň kör imandygyny aňlatmaýar. Ol maglumatlaryň köp mukdaryny teklip edýär. Olar göni subutnamalar däl, eger şeýle bolan bolsa, onda olar ýüz göterim ynamlylygy bererdiler. Ýöne olar ýeterlik derejede bar. Resul Ýahýa Hoş Habarynda şeýle ýazýar: «Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi» (Ýahýa 20:30). Beýle diýmek bilen Ýahýa näme diýjek bolýar? Ol Isa Mukaddes Kitapdan okap biljek zatlarymyzdan daşary-da, köp mugjyzalar görkezdi, bu bolsa Onuň hudaýlyk tebigatyny subut edýär diýjek bolýar. Ýahýanyň getirýän maglumaty göni subutnama däl. Indiki aýatda ol şeýle ýazýar: «Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýahýa 20:31). Bu aýatlarda (30-njy we 31-nji) Ýahýa şaýatlyklaryň göni däldigini, emma olaryň ýeterlikdigini aýtdy. Fransuz matematigi, pelsepeçi we alym Blez Paskal, eger adam oňa garşy durmagy ýüregine düwen bolmasa, islendik adamy ynandyrmaga ýeterli maglumatlary we şaýatlyklary hödürleýändigini aýdýar. Özi Hudaýa gelmek islemeýän adamlar üçin hiç hili subutnama-da ýeterli bolmaýar. Özüň göz ýetir Kör iman baradaky hyýaly rowaýatyň biderekgini subut etmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 20-nji babynyň 30-31-nji aýatlaryny oka. Ýahýa näme üçin Isanyň «Hudaýyň Ogly Mesihdigi» baradaky şaýatlygy ýazýar? Nädip «Onuň ady bilen ýaşaýşa» gowuşmaly? Nämä (ýa-da kime) iman edip? Lukanyň Hoş Habarynyň 1-nji babynyň 1-4-nji aýatlaryny oka. Hoş Habary nädip ýazandygyny häsiýetlendirmek üçin Luka nähili sözleri saýlaýar (3-nji aýat)? Lukanyň öz Hoş Habaryny haýsydyr bir Teofilusa ýazýandygyna uns ber. Luka özüniň Isanyň durmuşyny we taglymatyny «tertip boýunça suratlandyryşyndan» nähili netijä garaşýar? «Şol taglymatyň içinde goýlan berk esasy bilmegiň üçin» bu şaýatlygy «ühsli derňemek» seniň maksadyň boldumy? 24. AWRAAM LINKOLN WE TARYH DERSI BOÝUNÇA ERTIR SAGAT 10-A BELLENEN SYNAG Ylmy subutnamanyň wajypdygy baradaky hyýaly rowaýat «Ýekeje minut, jenap». Men abraýly amerikan uniwersitetleriniň birinde leksiýa okap gutardym-da, kimde diňlenilen sapak boýunça sorag bardygyny soradym. Edil şol wagt okuw otagynyň soňky hatarlarynyň birinden ses eşdildi. «Men aspirant, ylmy iş bilen meşgullanýaryn. Şonuň üçin hem ylmy taýdan subut edip bolmaýan zady ynam diýip kabul edip biljek däl. Siz Isa Mesihiň ölümden direlendigini ylmy taýdan subut edip biljekmisiňiz?» diýip, bir ýaş ýigit sorady. Men: «Ýok» diýip jogap berdim. Aspirant gülümsiredi-de, özünden göwni hoş boldy. «Elbetde, — diýip, men dowam etdim, — siz hatda öz şahsy tassyklamaňyzyň hakykydygyny ylmy taýdan subut edip bilmeýärsiňiz». Ylmy subutnama şol bir hereketiň gözegçilik edilýän ýagdaýda birnäçe gezek gaýtalanmagynda edilýär. Şonda oňa gowuja seredip, bolan zatlary belläp, şonuň esasynda hem netije çykarmak mümkin. Ylmy subutnama — bu tejribe geçirmekligiň we gözegçilik etmegiň netijesidir. Ine, mysal üçin, ylmy tejribe nädip gurlup bilner. Ak ýektaýly aýallar we erkekler barlamhana girýärler: aýal papka we galam bilen, erkek adam bolsa, elinde kiçijik ak dörtburçly gaty madda bilen. Erkek adam adaty krandan alnan suwdan doldurylan aýna gapdaky suwa ak maddany batyrýar. Madda derrew suwuň ýüzüne çykýar. Aýal kagyzyň ýüzüne birzatlar ýazyp, netijäni belleýär. Erkek adam maddany ýene-de gapdaky suwuň düýbüne batyrýar. Madda ýokary çykýar. Aýal ýene ýazýar. Erkek adam maddany suwuň iň aşagyna batyrýar. Madda suwuň ýüzüne çykýar. Aýal ýazýar. Erkek adam batyrýar. Madda suwuň ýüzüne çykýar. Aýal ýazýar. Bu tejribäni birnäçe gezek gaýtalap, gözegçilik astynda saklap, synlandan we netijeleri ýazyp alandan soň alymlar pil süňkünden ýasalan sabyn suwuň ýüzünde saklanýar diýen netijä gelýärler. Muny ylmy taýdan subut edilen hasaplamak bolar. Gynansak-da, köp adamlar eger siz ylmy taýdan subut edip bilmeseňiz, onda şol zat ýalan ýa-da şübheli diýip pikir edýärler. Emma bu hyýaly rowaýat. Ylmy usul — bir zady subut etmäniň ýeke-täk ýoly däl. Eger bu şeýle bolan bolsa, onda siz Awraam Linkolnyň bir wagtlar Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolandygyny subut edip bilmezdiňiz, sebäbi bu waka gaýtalanmaýar. Ol diňe geçmişde ýaşaýar. Edil şunuň ýaly, geçen anna güni ertir sagat 10-da taryhdan iň kyn synagyňyzyň bolandygyny subut edip bilmeýärsiňiz. Siz muny gözegçilik astyna alnyp, netijeleri bellige alynýan ýerde birnäçe gezek gaýtalap bilmeýärsiňiz. Ol bir gezek boldy. Bu eýýäm taryha gitdi. Eger Awraam Linkolnyň ýaşap geçendigini ýa-da geçen anna güni taryhdan synagyňyzyň bolandygyny ylmy taýdan subut edip bolmasa, onda bu şol wakalaryň bolmandygyny aňlatmaýar. Şol zatlaryň geçmişde bolandygyny subut etmek mümlin. Şol wakalaryň hakykatdan hem bolandygyny subut edýän usul «taryhy maglumatlary hukuk taýdan dikeltme täri» ýa-da «şaýatlaryň görkezme täri» diýip atlandyrylýar. Wakanyň hakykatdanam bolandygyny, subutnamanyň üç görnüşine seredip, şaýatlaryň görkezme usuly bilen, ýagny, dilden, hat üsti bilen we zadyň üsti bilen berilýän şaýatlyklar arkaly subut etmek bolar. Şuňa meňzeş «subutnamalar» bütin dünýädäki kazyýetleriň hemmesinde günde ulanylýar. Bu bolsa, islendik taryhy wakanyň hakykatdanam bolandygyny tassyklaýan subutnamanyň ýeke-täk görnüşidir. Mysal üçin (şaýatlaryň görkezme usuly bilen), Awraam Linkoln diýen amerikan prezidentiniň hakykatdanam bolandygyny nädip subut etmek bolar? Eger onuň häkimiýet başynda bolan wagtynda ýaşan şaýatlary tapmak mümkin bolsa, onda siz ony tanan, onuň bilen duşuşan, çykyşlaryny diňlän adamlardan söhbetdeşlik alardyňyz — bu dilden berlen şaýatlyk bolardy. Siz onuň ýazan hatlarynyň nusgalaryny, öldürilişi barada habar berýän gazetleri toplardyňyz, ol baradaky kitaplary tapardyňyz — bu hat üsti bilen berilýän subutnama. Galyberse-de, zat üsti bilen berilýän subutnamalary — jübüde göterilýän sagadyny, özüniň suratyny we doglan ýerini, hatda, gant salynýan gabyny-da görkezerdiňiz. Geçen anna güni ir sagat 10-da taryhdan hakykatdanam synagyňyzyň bolandygyny nädip subut etmek mümkin? Şaýatlaryň görkezme usuly bilen: muňa siziň mugallymyňyz şaýatlyk edip biler, sene we bahaňyz goýlan synag kagyzyňyzy (eger ony ene-ataňyzdan gizlemek gerek däl bolsa) görkezersiňiz, galyberse-de, synag wagtynda mekdep suratçysynyň düşüren suratyny tapyp görkezerdiňiz we ş.m. Ylmy usul çäklidir. Onuň kömegi bilen öň bolup geçen zatlary subut etmek bolmaýar. Napoleonyň Watterloonyň ýanynda derbi-dagyn edilendigini, XVII asyrda mäz mergisi zerarly 150000 adamyň ölendigini, Isanyň ölümden direlendigini subut edip bolmaýar, sebäbi bu wakalary gözegçilik astynda saklap, bellikleri ýazyp, olar esasynda netije çykarmak mümkin däl. Şeýle-de bolsa, taryhy wakanyň hakykatdanam bolandygyny şaýatlaryň görkezme usulynyň kömegi bilen dilden, hat üsti bilen we zat üsti bilen şaýatlyklary görkezmek bilen şübhesiz subut etmek mümkin. Şeýlelikde, ylmy taýdan subut edip bolmaýandygy sebäpli, Isanyň ölümden direlmesiniň ýalandygy ýa-da şübhelidigi baradaky pikir — bu hyýaly rowaýat. Isanyň durmuşy we gullugy, görkezen mugjyzalary, Onuň ölümden direlmesi baradaky maglumatlary şaýatlaryň görkezme usuly bilen subut etmek mümkin — olar eýýäm subut edildi-de. Özüň göz ýetir Ylmy taýdan subutnamanyň wajypdygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigini subut etmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 20-nji babynyň 1-9-njy aýatlaryny oka. Bu aýatlarda Isanyň ölümden direlendigini subut etmek üçin nähili zat subutnamalary ýatlanylýar? Ýahýanyň Hoş Habarynyň 20-nji babynyň 10-29-njy aýatlaryny oka. Ýahýa bu aýatlarda Isanyň ölümden direlendigini dürli görnüşde kabul eden näçe şaýady agzap geçýär? Şol babyň 30-31-nji aýatlaryny oka. Bu aýatlarda şaýatlygyň haýsy görnüşi ulanylýar? Iň soňunda, Korintoslylara birinji hatyň 15-nji baynyň 3-8-nji aýatlaryny oka. Bu aýatlarda näçe sany şaýadyň bolandygy aýdylýar? Şaýatlaryň görkezmesi baradaky usul hakda bilendigiňi hasaba alyp, Isanyň ölümden direlendigine sen başga şaýatlyk getirip bilýärmiň? 25. BUGLANAN POMIDORLAR WE KROSSOWKALAR Beýni ýuwma baradaky hyýaly rowaýat Köp adamlarda mesihilige öwrülmek — bu «beýniňi ýuwmaga» meňzeş ruhy täsirleriň gowy netijesi diýen pikir bar. Şeýle bolanda, adamy ynandyryjy sözleriň we mesihilik «hyýaly rowaýatlary» duýgudaşlykly gürrüň bermegiň kömegi bilen özüne çekýärler. Olar mesihiler bütinleý boş hyýalda ýaşaýar diýip göz öňüne getirýärler. Başga sözler bilen aýdanda, mesihiler häsiýetlerinde birnäçe ütgeşmelere getirýän, gowy işlenilip düzülen akylly oýunlar bilen özleriniň we başgalaryň başlaryny aýlaýarlar. Bu hyýaly rowaýat. Bir taryh sapagynda gyzyp giden jedel wagtynda men özümiň Mesihe gelşim barada gürrüň berdim. Men gürrüňimi gutaryp barýarkam, mugallym şeýle diýdi: «Gulak asyň, Makdauell, bizi şaýatlyklar däl-de, maglumatlar gyzyklandyrýar. Men bütin dünýäde mesihi bolandan soň durmuşy üýtgän köp adamlara gabat geldim». Men: «Sag boluň, maňa gürrüňimi gysgaça gutarmaga rugsat beriň, soň men siziň belligiňize jogap bererin» diýdim. Birnäçe minut geçenden soň men mugallymyň belligine gaýdyp geldim. «Köp adamlar: “Mesih siziň durmuşyňyzy üýtgedende näme” diýip, şol bir ýerliksiz soragy berýärler. Şeýle-de bolsa, men oňa jogap bermäge synanyşaýyn. Meniň üçin Isa Mesihiň iki müň ýyl mundan ozal direlendiginiň hakykylygyny özlerinde iman peýda bolandan soň, millionlarça adamlaryň durmuşynyň üýtgeýändigi baradaky maglumat tassyklaýar. Şondan soň olar Isa Mesih bilen şahsy aragatnaşygyny dikeldip ugraýarlar. Hatda şol adamlar jemgyýetiň dürli gatlaklaryna degişli bolsalar-da, dürli halklaryň wekilleri bolsalar-da, olaryň durmuşy diýseň geň usul bilen birmeňzeş üýtgeýär. Adam Mesihe durmuşyny ynanandan soň — ol iň zehinli professormy ýa-da iň nadan ýabanymy, tapawudy ýok — onuň durmuşy üýtgäp ugraýar. Käbirleriniň maňa göwün islegini hakykydyr öýdýär diýmegi mümkin ýa-da barybir bu zatlar hiç zady subut etmeýär diýip, meniň bilen ylalaşarlar. Şeýle-de bolsa, mesihi üçin onuň subýektiw tejribesi — obýektiw hakykat düýbünde berk esaslydyr. Bu obýektiw hakykat — Isa Mesihiň şahsyýeti we Onuň ölümden direlmesidir». Men okuw otagyndakylara ýüzlenip şeýle diýdim: «Mysal üçin, bir talyp okuw otagyna girip, oturanlara: “Oglanlar, meniň sag tarapky krossowkamda buglanan pomidor bar. Şol pomidor durmuşymy üýtgetdi. Ol maňa ozal hiç haçan duýmadyk rahatlygymy, söýgimi, şatlygymy berdi. Mundan başga-da, men indi ýüz metri on sekundyň içinde ylgap geçýän” diýýär». Men okuw otagyndakylara ýylgyryp seretdim. «Eger onuň durmuşy diýýänlerini tassylaýan bolsa, onda munuň ýaly talyp bilen jedelleşmek kyn düşer. Ylaýtada, ol ylgalýan çyzykda aýlanyp, siziň daşyňyzdan töwerek ýasaýan bolsa. Şahsy şaýatlyk köplenç bir zadyň bardygynyň hakykylygynyň bähbidine subýektiw delil bolýar. Şonuň üçin subýektiw tejribäni ýerliksiz zat ýaly ret etmeli däl. Subýektiw tejribäniň hakykylygyna iki ölçeg bilen baha bermek mümkin. Birinjiden, belli bir subýektiw tejribäniň aňyrsynda haýsy obýektiw hakykat ýatyr? Ikinjiden, başga-da näçe adamyň şuňa meňzeş subýektiw tejribesi bolupdyr? Eger şu iki ölçegi buglanan pomidorly krossowka baradaky waka üçin ulansak, onda nähili bolar? Şol talyp birinji soraga şeýle jogap bererdi: «Meniň subýektiw duýgylarym sag krossowkamda pomidor bardygy bilen baglanyşykly». Şonda ikinji sorag berlerdi: «Onda şu okuw otagynda, şu uniwersitetde, şu ýurtda, şu yklymda we ş.m. näçe adam sag krossowkasyna buglanan pomidor goýlanda şol söýgini, rahatlygy, şatlygy duýdy?» Men şu soragy beren wagtym okuw otagynda batly gülki göterildi. Bu düşnükli zat. Ikinji soraga beriljek jogap göze dürtülip dur: «Munuň ýaly adam başga ýok!» Ýöne şol iki ölçegi mesihileriň duýýan zatlary üçin ulanyp göreliň. 1. Meniň subýektiw tejribämiň — durmuşymyň üýtgemeginiň aňyrsynda haýsy obýektiw hakykat ýatyr? Jogap: Mesihiň şahsyýeti we Onuň ölümden direlmesi. 2. Ýene-de näçe adamyň şuňa meňzeş obýektiw hakykat — Isa Mesihiň bardygy bilen baglanyşykly subýektiw tejribesi bar? Jogap: dürli derejeli, dürli milletlerden bolan, dürli kärdäki adamlaryň durmuşy täze derejä göterildi. Isa Mesihe gelenden soň şol durmuşda rahatlyk, şatlyk we söýgi peýda boldy. Mesihe iman etmeklik — bu beýniňi ýuwmak boýunça geçirilen işiň netijesi däl. Ol subýektiw bolsa-da, mesihilik tejribesi obýektiw hakykata esaslanýar. Ony dürli adamlar öz durmuşynda haýran galdyryjy ýagdaýda başdan geçirdiler. Ine, şol duýgularyň ägirt güýji barada Resul Pawlus Korintoslylara hatynda näme ýazýar: …Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz». 1 Korint. 6:9–11 Özüň göz ýetir Beýni ýuwmak baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin Resullaryň işleri Kitabynyň aşaky aýatlaryny oka. Isa Mesihe eden imany arkaly durmuşy üýtgän adamyň milletini we kärini görkez. Birinji setir nusga hökmünde berlen. — / Ady / Milleti / Käri Res.iş. 8:26–39 Res.iş. 9:1–9, 17–19 Res.iş. 10:1–45 / näbelli / hebeş / Wezir Res.iş. 16:11–15 Res.iş. 16:22–33 26. ŞÜBHE BOLUP BILMEZ Imansyz Tomas baradaky hyýaly rowaýat Bagty ýatan Tomas barada nämeler ýazmadylar, ony nämede aýyplamadylar! Elbetde, onuň abraýy Isa Mesihe dönüklik eden Iudanyňky ýaly erbet däl. Haça çüýlenmesiniň öň ýanynda Rebbi üç gezek ret eden Petrus bilenem deňär ýaly däl. Ýöne adatça Tomasa üç ýylyň dowamyndaky gullugynda Isanyň daşynda bolan beýleki şägirtlerinden pes hormat bilen seredýärler. Tomas şübheli adyny Isa Mesih ölümden direleninden köp wagt geçmänkä bolan waka sebäpli gazandy. Mesih şägirtleriniň üýşüşen jaýynyň gapysynyň ýapykdygyna seretmezden, içerde, olaryň ýanynda peýda bolýar. Ýöne şol wagt Tomas olaryň arasynda bolmaýar. Olar Isanyň direlendigi baradaky habary oňa aýdanlarynda Tomas: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görmesem, çüýleriň yzyna barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn» diýdi (Ýahýa 20:25). Biraz soňurrak Isa Tomasa görnende: «…barmagyňy bu ýere degir, ellerimi gör, eliňi uzat-da, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol» diýdi (Ýahýa 20:27). Ine, şonuň üçin köp adamlar şu sözleri okap, Tomasy şübhesi üçin tankytlap başlaýarlar. Şeýtmek bilen olar Rebbiň ölümden direleniniň subutnamasyny görmezden, şägirtleriň biriniňem ynanmandygyny ýatdan çykarýarlar. Mesih Tomasa: «Sen şübhelenmeli däldiň» diýmedi ahyryn. Beýtmegiň deregine, Ol Öz şägirdine subutnamalary görkezdi-de: «…imansyz bolma, imanly bol» diýdi. Ahyrynda Tomas hemme zady gözi bilen görenden soň (onuň ilki başda etmek isleýşi ýaly, elini Isanyň gapyrgasyna degirdimi ýa-da ýok, bu barada Mukaddes Kitapda aýdylmaýar), taryhda imanyň iň beýik wagyz edilişi bolan sözleri aýdyp, Isa Mesihe: «Rebbim, Hudaýym!» diýip ýüzlendi. Haýsy sebäbe görä bolanda-da, şübhe — islendik ýagdaýda-da gowy däl diýen netijä geldik. Biz: «Hakyky mesihiler şübhelenmeýärler» diýýäris. Bu hyýaly rowaýat. Şübhe ynamyň garşydaşy däl, ol — ynamyň ata-babasy. Şübhe ynamy ýok etmeýär, ol ynama tarap ýol ýasaýar. Kä halatlarda, ýagny Tomasyň taryhyndaky ýaly ýagdaýlarda, şübhe bizi hakykata alyp barýan hyjuw bolup hem biler. Tennison şeýle diýýär: «Maňa ynanaýyň, çyn ýürekden çykan şübhede bütin iman taglymatyndakydan köp ynam bardyr». Gordon we Uilýam Braunlar «Rimlilere hat: Azatlygyň we merhemetiň Hoş Habary» diýen kitabynyň üstünde işlänlerinde, «ynam hakykaty gözlemek arkaly köpelýär. Ony gözleýän soraglary berýär, soraglar bolsa “çyn şübhelerden” döreýär. “Şübhe” diýen söz “skeptikos” sözünden bolup, ol “soraglary berýän” diýen manyny aňladýar» diýip belleýärler. Ynamsyz Tomas «hakyky mesihileriň şübhelenmeýändigi» baradaky hyýaly rowaýat köklerini Mukaddes Kitapdan almaýar. Tomasyň tejribesinden sapak almak gerek. Şübhe tebigy zat. Biz öz şübhämize çyn ýürekden garamaly. Şu çyn ýürekden çykan şübhe Isanyň özümize hakykaty açanynda, bizi ynama alyp barýar. Özüň göz ýetir Ynamsyz Tomas baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Lukanyň Hoş Habarynyň 24-nji babynyň 1-12-nji aýatlaryny oka. Aýallar Isanyň direlendigi baradaky habary getirenlerinde, şägirtler muny nähili kabul etdiler (2-nji aýat)? Şol kitabyň 24-nji babynyň 13-24-nji aýatlaryny oka. Emmausa barýan ýoldaky iki adam ýaňy-ýakynda eşiden direliş baradaky täzeligine nähili garadylar? Olar munuň şeýle bolandygyna ynamlydylarmy ýa-da ýok? Ýene-de şol kiabyň 25-35-nji aýatlayny oka. Direlişiň hakykylygy babatda şol iki şägirtde her dürli şübhe nädip ýüze çykdy? Şol babyň 36-47-nji aýatlaryny oka. Ölümden direlen Mesih peýda bolanda şägirtleriň ilkinji hereketi nähili boldy (41-nji aýat)? Onuň ölümden direlendigine şägirtler nädip göz ýetirdiler (40, 42, 43 we 45-nji aýatlar)? Ýahýanyň Hoş Habarynyň 20-nji babynyň 19-29-njy aýatlaryny oka. Isa Tomasyň: «Rebbim, Hudaýym!» diýen sözlerine näme jogap berdi? Isa biziň muňa düşünmegimizi, Özüni Reb we Hudaý hökmünde ykrar etmäge taýýar bolmagymyzy isleýär. Seniň özüň nämä şübhelenýäň? Isanyň öz şübheleriňiň üsti bilen täze ynama alyp barmagy üçin dileg et. 27. OTAG ÖSÜMLIKLERI DILEGLERE JOGAP BERMEÝÄR Her kimiň öz ynamynyň bardygy hakdaky hyýaly rowaýat Kelli stoluň başynda Hizer diýen jorasy bilen otyrdy. «Meniň pikirimçe, biziň her birimiz nämedir bir zada ynanýarys. Men mesihilik — bu entek hemmesi däl diýmek isleýän. Seniň diňe nämedir bir zada ynanmagyň wajyp». Hizer şeýdäýse has aýdyň pikirlenmäge kömek edäýjek ýaly, gaşlaryny gymyldatdy. Ol: «Görýän welin, sen mamla ýaly. Galyberse-de, mesihilik halas bolma aň-düşünjesine esaslanýar ahyryn. Şonuň üçin… — diýdi-de, ol birneme sägindi, soň hem biraz haýalrak gürledi. — Meniň pikirimçe, eger ynanýan bolsaň — şonuň özi ýeterlik, nämä ynanýandygyň bolsa tapawudy ýok» diýdi. Bagyşla Hizer. Bagyşla Kelli. Bu hyýaly rowaýat. Ýaňy-ýakynda kollejiň bir mugallymy okuwçylaryň öňünde şeýle diýdi: «Men imana bil baglaýan. Men imanyň güýjüne ynanýan. Imanyň durmuşy doly üýtgedýändigini men gödrüm». Ýöne bu mesihilik däl-de, ekzistensializm. Ekzistensializmde esasy basyş «ynama» edilýär. Bu ýerde nämä ýa-da kime ynanýandygyň wajyp däl. Bir gezek meni uly uniwersitetleriň birinde geçirilen çekişmelere pelsepeçilik bölüminiň dekany hökmünde gatnaşmaga çagyrdylar. Çekişmeler adama ykdysady güýçleriň ösüşiniň miwesi hökmünde garaýan Marksçylyk nazarýete bagyşlanandy. Çykyşym mahalynda men özüm üçin taryhy, Mukaddes Kitap ynamyna berk esasalanýan adam hökmünde, Isanyň ölümden direlmesiniň aýgytly ähmiýetiniň bardygyny belledim. Garşydaşym meniň sözümi böldi-de: «Gulak asyň, Makdauell, gürrüň ölümden direlmede däl ahyryn. Şonuň ýaly wakanyň bolandygy ýa-da bolmandygy gaty bir wajyp däl. Şonuň bolandygyna siz ynanýaňyzmy, ine, şu wajyp» diýdi. Men: «Jenap, siz ýalňyşýaňyz. Hakykatynda gürrüň hut ynanýan zadyma meniň çyn ýürekden ynanýandygymda ýa-da däldigimdedir. Sebäbi eger ynanýan zadyma bolan ynamym çyn ýürekden bolmasa, onda meniň mesihilik ynamyna hakym ýokdur» diýip jogap berdim. Çekişmelerden soň meniň ýanyma bir musulman-talyp geldi. Ol: «Jenap Makdauell, käbir musulmanlaryň Muhammede bolan ynamynyň käbir mesihileriň Mesihe bolan ynamyndan güýçlüdigini men bilýärin» diýdi. Men: «Belki şeýledir, emma gürrüň munda däl. Gürrüň kimiň ynamynyň güýçlüdiginde däl-de, siziň kime ynanýanlygyňyzda» diýdim. Siziň ynamyňyzyň gymmaty ynamyň özünde däl-de, kime ynanýanlygyňyzdadyr. Siziň ynamyňyzyň şu wagta çenli bolan, häzir bar bolan, geljekde boljak adamlaryň ynamyndan-da güýçli bolmagy mümkin, emma siz ynamyňyzy bir zatda, mysal üçin, otagyňyzy bezäp duran otag gülünde jemleseňiz, onda Hudaý bilen halas boluş gatnaşygyny dikeldip bilermisiňiz? Günäleriňize bagyşlama alarmysyňyz? Eger siz örän güýçli ynanýan bolsaňyz, näme üçin ýok? Sebäbi siz otag ösümliklerine ynanýarsyňyz! Başga bir tarapdan, eger ynamyňyz birje nokat ýaly bolsa, şol ynamy hem Isa Mesihe gönükdirseňiz, onda Hudaý bilen halas ediş gatnaşyklaryny dikeldersiňizmi? Günäleriňize bagyşlama alarmysyňyz? Elbetde. Bularyň tapawudy nämede? Siziň ynamyňyzyň obýektinde, Kime ynanýandygyňyzda — ine, tapawut nämede. Mesihilik ynamy subýektiw däl, ol aýratyn şahsy ynam däl, ol durşuna obýektiw ynamdyr. Hut şonuň üçin hem resul Pawlus şeýle diýip ýazýar: Mesih direlmedik bolsa, onda siziň ynamyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz. 1 Korint. 15:17 Näderejede güýçli ynanýandygyňyza seretmezden, günälerden halas bolmak üçin subýektiw ynamyň ýeterli däldigini Pawlus nygtaýar. Ynamyňyz diňe ölümden direlen Isa Mesihe bolan ynama öwrülende, siz «iman arkaly merhemet bilen» (Efes.2:8) gutularsyňyz. Sizi ynam däl-de, Isa Mesih halas edýär. Özüň göz ýetir Her adamda öz ynamynyň bardygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigini subut etmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 3-nji babynyň 16-njy aýadyny oka. Şu aýatda biziň baky durmuşy gazanmagymyz üçin «Oňa» diýen sözüň näderejede wajypdygyna üns ber. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň 24-nji aýadyny oka. Bu aýatda Isa diňe ynanmagyň zerurdygyny aýdýarmy ýa-da Özüne ynanmagyň zerurdygyny aýdýarmy? Resullaryň işleriniň 16-njy babynyň 30-31-nji aýatlaryny oka. Pawlusyň Filipidäki türmeçä aýdan sözlerine laýyklykda, onuň nämä ýa-da kime ynanmagy gerek? Rimlilere hatyň 3-nji babynynyň 22-nji aýadyny tap-da, boş duran ýeri esasy sözler bilen doldur: «… iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy…» 28. GÜNÄ, HILEGÄRLIK WE BILLI GREM Elmer Gentri baradaky hyýaly rowaýat Elmer Gentri — Sinkler Lýuisiň ady bir meşhur romanynyň gahrymany. Gentri — husyt, şöwketparaz we ikiýüzli adam — bir zady öwredip, özi bolsa, başga bir zat edýän wagyzçy bolupdyr. Onuň sözleri, wagyzlary, umuman bütin durmuşy durşuna hilegärlik we kezzaplyk bolupdyr. Soňky döwürlerde oýlanyp tapylan Elmer Gentriniň adyny birnäçe meşhur wagyzçylaryň we ýygnak gullukçylarynyň abraýyna tegmil basmak bilen bagly bolan jedellerde köp ýatlaýarlar. Jim Bekkeriň şöhrady, onuň nikadan daşary gatnaşyklary hemmä äýän bolanda, soň hem bu gürrüňiň üstüni ýapmaga synanyşyk edende derrew masgaraçylyga öwrüldi. Bolan zatlar barada eşiden Jimmi Swoggart Bekker hakda ýaramaz gürrüňler etdi. Emma özüniň hem pornografiýa bilen gyzyklanýandygyny boýun almaga mejbur edenlerinden soň, onuň sözleri boş sese öwrüldi duruberdi. Habar beriş serişdeleriniň şu we beýleki dawalara beren güýçli ünsi köpleri Elmer Gentri baradaky hyýaly rowaýata ynanmagyna alyp bardy. Adamlar wagyzçylaryň, ýygnak gullukçylarynyň, mesihi ýolbaşçylarynyň köpüsiniň azgyn we ikiýüzlidigine ynanyp başladylar. Emma şuňa meňzeş wakalaryň daşynda goh turuzýan bu gazetleriň, žurnallaryň, telegepleşikleriň hemmesi-de näme üçindir janyny aýaman Hudaýa wepaly gulluk eden we gulluk etmegini dowam edip ýören Hoş Habarçylaryň, wagyzçylaryň daşyndan dymyp, aýlanyp geçýärler. Jimmi Swoggartyň günäsi we yraň atyp duran abraýyny dikeltmäge eden synanyşygy Billi Gremiň Ýygnagyň hatyrasyna çeken elli ýylky zähmetiniň ýanynda diýseň öçügsi görünýär. Onuň eden wagyzlaryny millionlarça adamlar diňledi. Onuň durmuşy bolsa, hiç haçan öwreden zady bilen çapraz gelmedi. Emma muňa garamazdan, Grem öz gullugynyň başyndan «haýsydyr bir hereketi bilen Hudaýy kemsiderin diýip gorkandygyny, häzirem öňküsi ýaly gorkýandygyny» boýun aldy. Billi Grem, Lui Palo, Çarlz Kolson, Doson Makallister we Çarlz Suindoll — ine, öwreden zatlaryny durmuşynda amala aşyran mesihi ýolbaşçylarynyň uly toparyndan diňe birnäçesiniň atlary. Biziň jemgyýetimiz Elmer Gentri baradaky hyýaly rowaýata, wagyzçylaryň we ýygnak gullukçylarynyň arasynda ikiýüzlüleriň doludygyna höwes bilen ynanýar diýen pikir emele gelýär. Emma bu hyýaly rowaýat. Resul Petrus birinji asyryň mesihilerine: «…siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar» diýip duýdurdy. Ol sözüniň üstüni ýetirip: «…olar arkaly hakykat ýoluna dil ýetiriler» diýdi (2 Petrus 2:1,2). Hut şonuň üçin hem şeýtan Elmer Gentri baradaky hyýaly rowaýaty ýaýratmaga çalşyp, bar güýji bilen işleýär. Ol Hudaýa gulluk edýän aýallaryň we erkekleriň wagyzlarynyň başgalaryň günäleri, ikiýüzlüligi bilen abraýdan düşmegini isleýär. Ýöne şol beýlekileriň edip bilýän işlerine seretmezden, hakykat hemişe hakykatlygyna galýar. Biziň hemmämiz gutulyşy deň derejede Hudaýymyz Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly merhemet bilen alyp bilýäris. Hudäýyň edil öňküsi ýaly «sizi büdremekden goramaga, şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmilsiz duruzmaga» (Ýahuda 24) ygtyýary bardyr. Petrus şeýle diýýär: «Indi, eý söýgüli doganlar, azgynlaryň hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň. Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösüň. Şöhrat şindi we mydamalyk Oňky bolsun! Omyn» (2 Petrus 3:17–18). Özüň göz ýetir Elmer Gentri baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göň ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Filipililere hatyň 1-nji babynyň 15-18-nji aýatlaryny oka. Pawlus «Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýänler» barada näme diýýär? Onuň pikiriçe, näme has wajyp? Korintoslylara 2-nji hatyň 11-nji babynyň 3-15-nji aýatlaryny oka. Pawlus korintoslylaryň «Mesihiň resullarynyň keşbine giren» galp resullaryň yzyna eýerip, «Mesihde bolan sadalykdan aýrylmagyndan» heder edýär. Näme üçin, Pawlusyň sözleri boýunça, şunuň ýaly zatlar ony geň galdyrmaýar? Korintoslylara 1-nji hatyň 4-nji babynyň 16-17-nji aýatlaryny oka. Pawlusyň özüne öýkünmegi haýyş etmäge esasy bardy! Name üçin ol şonuň ýaly etmegi ynam bilen haýyş etdi? (17-nji aýat). Görnükli mesihi ýolbaşçylarynyň dawaly wakalara ulaşanyny görenimizde, Pawlusyň sözlerine laýyklykda, biz özümizi seresap alyp barmaly. Korintoslylara 1-nji hatyň 10-njy babynyň 12-nji aýadyny oka. Şu aýada laýyklykda, şunuň ýaly gynançly wakalar bize nähili täsir etmeli? 29. ÝYLANYŇ MEKIRLIK BILEN BEREN ÝALAN WADASY «Täze eýýam» hereketiniň hyýaly rowaýaty Bir dükanda biperwaý ýüzli, saçy buýra-buýra bolan bir aýal jorasyna öz «kwars kristalynyň jadysynyň» diýseň geň bejeriji güýji barada gürrüň berdi. «Ine indi bir ýyldan gowurak wagtyň içidir, mende diňe bir dümewleme däl, hatda ýekeje gezek kellämem agyranok» diýip ol aýal habar berdi. Ýuwaş, daşky görnüşi ýakymly bolan bir erkek adam saz sesleriniň we suratlaryň kömegi arkaly haýwanat dünýäsiniň käbir wekilleri (läheňler, delfinler, guşlar) bilen gürleşip bilýändigini ynandyrdy. Ýokary wezipäni eýeleýän gelşikli bir erkek adam karar kabul etmeli bolanda, gadymy Hytaý ýörelgelerine esaslanýar. Ýetmiş bir ýaşap geçen gowuja mamajyk XI asyrda Rim-katolik ybadathansynda monah aýal bolandygy baradaky «ýatlamalaryny» paýlaşdy. Guru, başga älemliler, gipnoz, astral proýeksiýalar, gündogar pelsepeçiligi — bu ýerde nämeler ýok. «Täze eýýam« («TE» gysgaça aýtmak üçin) — bu dürli ynamlaryň we aň-düşünjeleriň tutuş toplumy. Bularyň Şirli Makleýniň «Gyrada» (Out on a Limd) atly kitaby (we telewizion gepleşikleri) arkaly diýseň meşhur bolan bolmagy ahmal. «TE» hereketi — bu din ýa-da haýsydyr bir topar däl, bu akyl ugrukdyryjylyk, dünýä garaýyş. Ol öz içine dürli aňyýetleri we düşünjeleri alýar. «TE» hereketiniň nähili zatdygyny bir sözlemde düşündirip bolmasa-da, oňa eýerýänlere mahsus bolan bir pikiri aýtmak bolar. Olaryň pikiriçe, Hudaý hemme zatda, biziň hemmämiz — bu Hudaý, öz düşünjämizi üýtgetmek bilen biz özümizde şol «hudaýy» (onuň bilen birlikde çäksiz mümkinçiligi) tapyp bilýäris. Bu hyýaly rowaýat. Häzirki döwürde diýseň meşhurlygyna, oňa bagyşlanan telewizion gepleşikleriň toplumyna we örän uly mukdarda ýaýraýan kitaplaryna seretmezden, «TE» hereketinde hiç hili täze zat ýok. Onuň kökleri Erem bagynyň döwürlerine gidýär. Gelip Çykyş kitabynda şeýtanyň ýylan keşbine girip, Adam ata we How enäniň eger gadagan edilen miweden iýseler, «ýagşyny we ýamany bilýän hudaýlar ýaly» boljagyna söz berýär. Ýöne ýarym ýalany döreden şeýtan aldady. Olar ýagşyny we ýamany bilseler-de, hudaýlar bolup bilmediler (günä edýänçäler bolsa, diňe ýagşyny bilýärdiler). «TE» hereketi adamalaryň öňküsi ýaly şol bir ýalňyşlygy edýändigine göni şaýatlyk edýär. Dört ýüz ýyl mundan ozal Monten şeýle belläpdir: «Adam hakykatdan-da biakyl. Ol hatda iň kiçijik zady-da döredip bilmedi, emma hudaýlaryň welin bir gidenini ýaratdy». Hudaýyň Sözi „TE“ hereketiniň aňyýetleriniň hyýaly rowaýatdygyny görkezýär. Isa baradaky şeýle sözleri okamagyň özi-de ýeterlikdir: Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Filip. 2:6–8 Başga habarlaryň ýekejesi bilen hem deňeşdirip bolmajak Mukaddes Kitabyň Hoş Habary adamlaryň hudaýlara meňzeş boljagyndan ybarat bolman, eýsem Hudaýyň «adam keşbini alyp», baky durmuşy almagymyz üçin biziň günälerimiz sebäpli ölendiginden ybarat. Özüň göz ýetir «TE» hereketiniň hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Gelip Çykyş kitabynyň 3-nji babynyň 1-7-nji aýatlaryny oka. Eger gadagan edilen miweden iýseler, onda Adam ata bilen How enä näme boljagyna şeýtan söz berýär (5-nji aýat)? Miwäni iýenlerinde şol iki wadanyň haýsysy amala aşdy (7-nji aýat)? Şeýtanyň adamlaryň hudaýlara meňzeş boljakdyklary baradaky wadasy ýerine ýetdimi? Resullar Barnabas bilen Pawlusa näme bolandygy barada oka (Res.işl. 14:8–18). Olaryň adamy sagaldanyna märeke nähili seretdi (7-nji aýat)? Märeke özlerini hudaý diýip atlandyranynda, bu iki beýik wagyzçylar näme jogap berdiler (14-nji aýat)? Öz düşünjesini üýtgetmek bilen hudaý bolup bolýandygyny yglan edýän «TE» herektiniň wekillerine Pawlus bilen Barnabas näme jogap bererdiler? Resullaryň işleri kitabynyň 12-nji babynyň 21-23-nji aýatlaryny oka. Halk Irodyň sözlerine nähili seredýär (22-nji aýat)? Halkyň özi üçin tapan “hudaýyna” näme bolýar (23-nji aýat)? 30. BU ZATLARYŇ HEMMESI MAŇA NÄMÄ GEREK? Bulutsyz durmuş baradaky hyýaly rowaýat On ýedi ýaşly mesihi Sindi anna güni giç agşam, okuwdan boş wagty gazanç üçin işlän ýerinden, ýagny restorandan öz maşynynda öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol birden elhenç bir zat gördi — köçäniň ortarasyndan göni özüne tarap bir maşyn okdurylyp gelýärdi. Sindi bir tarapa öwrülmäge synanyşdy, emma öňden gelýän maşyn onuň «Şewrolesine» gelip urdy. Sindi urgudan ýogaldy. Onuň ölüminiň sebäpkäri bolan sürüji serhoş eken. Iki ýaşlyja Wera öýleriniň ýanyndaky bagda oýnap otyrka, ony ary çakýar. Gyzjagazyň ýüzi şol pursatda çişýär. Munuň örän howpludygyna ejesi derrew düşünýär. Olar keselhana bakan ylgaýarlar, ýöne ýetişmeýärler. Wera ýolda gutarýar. Onuň ene-atasy çagada arynyň zäherine allergiýasynyň bardygyndan habaram ýok. Iň pes derejä degişli bolan hindi aýalynyň çagasy dünýä inýär. Çaga özüniň dört aýlyk ömrüni karton gutusynda geçirýär-de, şol ýerde horlukdan ýaňa ýogalýar. Onuň ejesi-de iki aý geçenden soň dünýäden ötýär. Durmuşda adalatsyzlyk köp: çagalar ölýärler, gowy adamlar ejir çekýärler, käbir mesihiler agyr ezýetlere duçar bolýarlar. Şunuň ýaly kynçylyklary çekýän şol gowy adamlar hem köplenç: «Bu zatlaryň hemmesi maňa näme üçin? Men muňa mynasyp däl! Bu adalatsyzlyk» diýýärler. Taryhyny Mukaddes Kitapdan tapmak mümkin bolan gadymy halypa Eýýubyň döwründen başlap, «Gowy adamlar betbagtlyga uçranda» atly kitabyny ýazan Garold Kuşnere çenli adamlar nesilden nesle şu soragy berip gelýärler. Bu soragyň aňyrsynda gowy adamlaryň, ylaýtada mesihileriň göreşden, gaýgydan we ejirden azat bolan bulutsyz durmuşda ýaşamalydygy baradaky pikir dur. Emma bu hyýaly rowaýat. Hudaý hiç haçanam mesihilere bulutsyz durmuşy wada bermändi. Ol hiç haçanam durmuş ýeňil bolar ýa-da gowy adamlara diňe ýakymly wakalar taýýarlanan diýmändi. Özüni söýýänleriň, Özüne gulluk edýänleriň ajaýyp we süýji durmuşynyň boljagyna Ol kepil geçmändi. Ýöne adamlar asyrlaryň dowamynda hut şeýle pikir etdiler. Hatda Hudaýyň Sözüni okasaň hem beýle pikirleriň ýalňyşdygyny görmek bolar. Isanyň şägirtleri näme üçin adamlaryň ejir çekýändigi baradaky soragy Oňa berdiler. Olar Oňa dogabitdi kör bolan bir adamy görkezdiler. Şägirtleri Ondan: «Rebbi, bu adamyň kör dogmagy üçin kim günä edipdir, munuň özümi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. Isa: «Ne munuň özi günä etdi, ne-de ene-atasy» diýip jogap berdi-de, şol adamyň gözüni açdy (Ýahýa 9:2–3). Dünýäde bolup geçýän köp betbagtlyklar babatda-da edil şuny aýtmak bolar. Käbir adamlar günä edendikleri üçin ejir çekýärler. Mysal üçin, bir erkek adam dükany ýarýar, şonuň üçin hem türmä düşýär. Käbirleri bolsa, başga biriniň eden günäsi sebäpli ejir çekýär. Mysal üçin, çaga şikesli dogulýar, sebäbi onuň ene-atasy kokain ulanypdyrlar. Ýöne ýer ýüzündäki ejirleriň köpüsi «ne onuň özi, ne-de ene-atasy» diýen dereja gabat gelýär. Hudaý dünýäni ýaradanda, ýeriň dartyş kanuny ýa-da hereketiň kanunlary ýaly tebigatyň kanunlaryny hem ýaratdy. Biziň hemmämiz şol kanunlar boýunça ýaşaýarys. Käwagtlar bolsa, biz olaryň pidasy bolýarys. Käwagt içi adamdan doly uçar ýeriň dartyş güýji boýunça ýere gaçyp, çym-pytrak bolýar. Käwagt bolsa, hereket kanunlary pajygaly netijelere getirýär, mysal üçin, awtoulaglar çaknyşanda. Hudaý gowy adamlar üçin tebigatyň kanunlaryny bes etmeýär. Durmuşda hakykatdanam adalatsyzlyk köp. Pajygaly ýagdaýlar, keseller, betbagtlyklar, ölüm — bu zatlaryň hemmesi-de mesihileriň daşyndan aýlanyp geçmeýär. Aslynda Isanyň şägirtlerine beren wadasy şeýledi: «Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar». Ýöne şol bir wagtyň özünde Ol mesihilere: «…mert boluň, Men dünýäni ýeňendirin» diýip, umyt berýär (Ýahýa 16:33). Mesihiler ezýetlerden azat edilen däl, ýöne şeýle-de bolsa, olar ezýetlere taýýarlanan, sebäbi: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:20) Diýen olar bilen bile bolýar. Özüň göz ýetir Bulutsyz durmuş baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Mukaddes Kitabyň aşaky aýatlaryny oka. Ejir çeken adamlary ýa-da halky kesgitle. Olar näme üçin ezýet çekdiler? Hudaý olary ejirden ýa-da gaýgydan azat etdimi? Ol olar üçin bir zatlar etdimi? Eger hawa bolsa, onda näme etdi? Res.iş. 4:1–13, 21 _________________________________ Luka 23:32–43 ___________________________________ 1 Kor. 6:4–10 ____________________________________ 2 Kor. 12:7–10 ___________________________________ DURMUŞ WE BAGT BARADAKY HYÝALY ROWAÝATLAR 31. BAÝ — DIÝMEK BAGTLY Bagtyň baýlykdadygy baradaky hyýaly rowaýat Oglanlar, ol adamyň hemme zady bardy. Meniň dostum Riççi birwagtlar mekdebi taşlady. Ol mekdebi mundan beýläk okamaga ukyby bolmany üçin däl-de, bilim baradaky diplomyň bolmasa-da, weşeň-weşeň pul gazanyp bolýandygyna düşünendigi üçin şeýtdi. Ol dymyk howaly okuw otagyny taşlady-da, on alty ýaşly ýigdekçäniň pikiriçe, köp pul töleýän zawoda işe ýerleşdi. Bu iş oňa şeýle uly söwdalary etmäge mümkinçilik berýärdi, men bolsa bu zatlar barada diňe arzuw edip bilýärdim. Ol özüniň sport motosiklinde hapalary böwsüp geçýärdi, garda ýöreýän maşyny bilen garyň üstünde tüweleý ýaly aýlanýardy, özüniň motorly gaýygynda köllerde gezelenç edýärdi. Ol pullaryny saga-çepe sowurýardy. Dogrymy aýtsam, meniň oňa gözüm gidýärdi. Ilki başda. Emma tiz wagtdan ony zawoddan kowdular. Indi aýlygam ýok. Aýlyk bilen bilelikde ol beýleki zatlardanam, ýagny garda ýöreýän maşyndan, gaýykdan, sport motosiklinden mahrum boldy. Riççi hemme zady ýitirdi. Iň erbedi-de, onuň durmuşy bütinleý bulaşdy. Ol maddy hal-ýagdaýyny ösdürmek işi bilen şeýle bir gümrady welin, durmuşynyň maksady köpden-köp mukdardaky zatlary edinmek boldy duruberdi. Gaýyk satyn alan badyna derrew indiki satyn almaly zadyň maksatnamasyny düzüp başlaýardy. Riççi bagt baýlykdadyr, eger degerli zatlary ýeterli mukdarda edinseň, bagtyň özi seniň ýanyňa gürrüňsiz geler diýen hyýaly rowaýata «özüni aldyrdy». Şunuň ýaly pikirler irde-giçde biziň her birimize-de gelýär. Sekizinji synpda okaýan Eýmos diýen oglanjyk öňräk meniň bilen bir zady paýlaşdy. Durmuşda näme bilen meşgullanjagyny, haýsy käri saýlap aljagyny ol entek bilmeýär, ýöne esasy zat — ol muny eýýäm bilýän bolamaly — owadan maşyn we şäheriň gowy ýerinden jaý edinip biler ýaly, köp pul gazanmaly. Bu hyýaly rowaýaty goldamak üçin tutuş mazamlaýyş toplumy işleýär. Haýsy zatsyz ýaşap bilmejekdiňizi size telewideniýe, radio, žurnallar hemişe habar berýär: «Swotç», «Kelwin Klýaýn», «Pontiak», «Filips» (durmuşymyzy gowy tarapa üýtgedeliň), «Jordaş», «Soni», «Meýbellin» (hemmeler size haýran galýar), lazerli ses gataldýan enjam, wideomagnitafon, wirtual reallyk we «Em Ti Wi». Haýsydyr bir zady «edinmek» we almak bilen özüňiziň bagtly boljagyňyza ynandyrmak üçin mazamlary döredijiler ýadaman işleýärler. Eger şeýle bolsa, onda bagtly bolmak üçin näçe puluň bolmaly? Maşynyň haýsy kysymy ähli arzuwlaryňyzy özünde jemleýär? Eger bar islegiňiz edil häzir amala aşsa, siz eliňizi silkip: «Uf…f! Ine boldy!» diýermidiňiz ýa-da indiki sanawy düzmäge girişermidiňiz? Ruhuň gylyjy bolan Hudaýyň Sözi bagtyň baýlykda däldigini göni aýdýar, bu hyýaly rowaýat. Hoş Habarçy Luka Isanyň beren duýduryşyny ýazýar: Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir. Luka 12:15 Pawlusyň Filipililere hatyndaky sözleri şol adamyň bagty nireden tapmalydygyny bilendigini görkezýär. Bagt onda bardy. Ol şatlyk bilen ýüzlenýär: Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň. Filip.4:4 Filipililere ýazylan gysgajyk hatda «şatlyk», «şatlanyň» sözleri on ýedi gezek agzalýar! Bagty nireden tapmalydygyny Pawlus gürrüňsiz bilipdir. Hany duruň. Eger şu hatyň birinji babyna seretsek, onda Pawlusyň şatlyk we bagt baradaky sözleri türmede ýazandygyna düşüneris (12–14-nji aýatlar). Biziň düşünişümize görä, onuň hiç zady-da bolmandyr. «Swotç» sagady-da, sport motosikli-de, «Jordaş» jinsisi-de bolmandyr. Şeýle-de bolsa, ol bagtly. Ol şeýle diýýär: …her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim. Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her ýagdaýda we her halda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň, hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim. Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn. Filip. 4:11–13 Bagt biziň emlägimize bagly däl. Aslynda hakyky bagt daşky bir zat bilen baglanyşykly däl. Mesihi baýdygyna ýa-da garypdygyna, daşynda tupan turýandygyna ýa-da doly imi-salalykdygyna seretmezden, şatlanyp bilýär. Munuň sebäbi Isa Mesihiň bize berýän ruhy rahatlygynda we asudalygynda, ýagny içki ýagdaýymyzda gizlenendir. Özüň göz ýetir Bagtyň baýlykdadygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir: Timoteosa 1-nji hatyň 6-njy babynyň 9-njy aýadyny oka. Ol ýerde baý bolmaga çalyşýanlar barada näme diýlen? Timoteosa 1-nji hatyň 6-njy babynyň 3-5-nji aýatlaryny oka. Bu aýatlarda Pawlus dindarlyk girdeji getirýär diýip pikir edýänler barada näme diýýär? Şu babyň 6-njy aýadynda Pawlus baýlyga bolan höwesi başga bir ýagdaýa garşy goýýar. Onuň sözlerine görä näme «uly gazanç» bolýar? Ýewreýlere hatyň 13-nji babynyň 5-nji aýadyny oka. Bu aýatda baryňa kaýyl bolmagyň sebäbi görkezilen. Bu haýsy sebäp? Hudaýyň hemişe ýanyňda bolmagynyň seniň baryňa kaýyl bolmagyňa näme dahyly bar? Lukanyň Hoş Habarynyň 6-njy babynyň 38-nji aýadyny oka. Bu aýatda Isa gysgançlyk barada näme diýýär? Sahylyk barada näme diýýär? Ol diňe baýlyk barada aýtdymy ýa-da ýene bir zat hakda-da aýtdymy? Indi bolsa bagtly bolmak üçin seniň pikiriňçe näme gerekdigini sana. Dogruçyl bol. Seniň sanan zatlaryňyň haýsysy pula bagly? 32. EDEPSIZLIK WE ÝESER DOJER Leo Durçeriň hyýaly rowaýaty «Ýeser» Leo Durçer XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda birnäçe wagtlap bruklin «Dojersi», nýu-ýork «Ýankisi», sinsinnat «Redsi» we sent-luis «Kardinaly» üçin oýnady. Mundan başga-da, ol ýokary ligada-da üstünlik gazandy. Ýöne Durçer özüniň gyzma häsiýeti we öz hereketini aklaýan durmuş ýörelgeleri bilen köpräk şöhratlanan bolmagy mümkin. Şol ýörelge şeýle: «Düzgün boýunça oýnaýan adam pellehana soňky bolup geler». Jenjelçi Durçer Milli ligada komandanyň menejeri hökmünde üç gezek sylag gazandy. Komandasynyň oýnaýyş stili köplenç onuň özüniňkä meňzeýärdi. Onuň pikir edişine görä, ýeňiş gazanmak isleýän adam uruşmaly, dyrnamaly, dişlemeli, gatyrak urmaly, iteklemeli we beýlekileriň bir ýerini agyrtmaly. Ýöne bu hyýaly rowaýat. Leo Durçeriň hyýaly rowaýaty. Şunuň ýaly üstünlik bilen ol J.R. Ewingiň ýa-da Anžela Çenningiň hyýaly rowaýaty diýip atlandyrylyp bilner. Ony nähili atlandyrsaň-da, ol barybir hyýaly rowaýatlygyna galýar. Orel Leonard Herşiser IV 1988-nji ýylyň dünýä çempionaty döwründe özüni Los-Anjelesiň «Dojersiniň» birinji derejeli pitçeridigini (pökgi geçirijidigini) görkezdi. Şol ýyl saýlama oýunlar wagtynda ol ýigrimi üç oýunda ýeňiji boldy; ýekeje utugy ýitirmezden, yzly-yzyna elli dokuz pökgini geçirip, rekord goýdy; çempionlar ligasynyň oýunlar tapgyrynda Nýu-ýorkuň «Metsosynyň» garşysyna oýnan iň gowy oýunçy hökmünde we ABŞ-nyň her ýylky çempionatynda beýsbol boýunça «Dojersiň», oklend «Eýsasynyň» üstünden gazanan ýeňşi üçin sylag aldy. Mundan başga-da, ony milli liganyň iň gowy pökgi geçirijisi diýip, biragyzdan yglan etdiler. Munuň üstesine-de, Orel düzgün boýunça oýnaýanlardandy. Ol mesihidi. Ýekeje utugy-da ýitirmezden, pökgi geçirip rekord goýandan soň ol Hudaýa minnetdarlyk bildirmek üçin dyza çökdi. ABŞ-nyň çempionatynyň final oýunlaryndan soň ol geýim çalşyrylýan otagda žurnaliste rahatlanmak we ünsüni jemläp saklamak üçin oýun meýdançasynda içinden Hudaýa nagmalar aýdandygyny gürrüň berdi. Şol agşam milli telewideniýede çykyş edende, ol şeýle diýdi: «Bu gepleşik dini gepleşik bolmasa-da, men Hudaýa minnetdarlyk bildirýärin». Indiki möwsümde egnine zeper ýetendigi sebäpli onuň sport meselesiniň soňuna nokat goýlandygyna seretmezden, beýsbol boýunça ýeten derejeleri onuň zehininiň we üstünlige tarap ýolda çeken tutanýerli zähmediniň şaýatnamasy hökmünde rekordlar kitabynda hemişelik galar. Eger düzgün boýunça oýnaýan adam pellehana soňky bolup gelýän bolsa, onda Orele şeýle köp zat gazanmak nädip başartdyka? Ruhuň Gylyjy — Mukaddes Kitap Leo Durçeriň hyýaly rowaýatyny çym-pytrak edýär, sebäbi ol ýalanyň üstünde gurlan ahyryn. Leo Durçeriň hyýaly rowaýaty şeýle diýýär: «Düzgün boýunça oýnaýan adam pellehana soňky bolup geler». Mukaddes Kitapda bolsa şeýle diýilýär: Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar. Matta 5:5 Leo Durçeriň hyýaly rowaýary şeýle diýýär: «Özüňe ýokary tarap ýoly ýumruk arkaly gur». Hudaýyň Sözünde bolsa şeýle diýilýär: Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder. Ýakup 4:10 Leo Durçeriň hyýaly rowaýaty şeýle diýýär: «Özüňi magta. Başgalaryň öňünde göz görkez. Eger sen maksadyňa ýeten bolsaň, nähili ajaýypdygyňy hemmelere görkez». Isa bolsa şeýle diýdi: Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler. Luka 14:11 Elbetde, kä halatlarda düzgün boýunça oýnaýanlar, hakykatdanam, pellehana soňunda gelýärler. Ýöne düzgüni bozýanlar hem yzdakylaryň hataryna geçýärler. Durçer komandanyň menejeri hökmünde ýokary liganyň sylagyna üç gezek mynasyp boldy. Emma ýigrimi bir gezek belýe etmek oňa başartmady. Hatda bir gezek onuň komandasy iň soňky ýeri eýeledi. Ýöne käwagt Orel Herşiseriň durmuşynda bolşy ýaly, tutanýerli zähmet, erjellik, aýgytlylyk we sadalyk düzgün boýunça oýnaýan adamlara hem pellehana birinji bolup gelmäge kömek edýär. Şunuň ýaly bolanda ýeňşiň hakyky ýol bilen gazanylandygy baradaky pikirden ýaňa kanagatlanma has-da köp bolýar. Özüň göz ýetir Leo Durçeriň hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Gelip Çykyş kitabynyň 39-njy babynyň 1-6-njy aýatlaryny oka. Ýusup Müsüre gul hökmünde äkidilipdi, emma muňa garamazdan, ol müsürli Potyparyň öýünde derejeli adam bolupdy (soňuragynda bolsa, janpenalaryň başlygy bolan Potypardan hem ýokary derejä ýetýär). Ýusup şunuň ýaly ýokary derejä nädip ýetýär? Şamuweliň 2-nji Kitabynyň 1-nji babynyň 1-12-nji aýatlaryny oka. Ol ýerde Dawudy Ysraýylyň patyşasy bolmaga alyp baran wakalar suratlandyrylýar. Ol «ýeňiji» bolup galandygyna nähili seredýär? Lukanyň Hoş Habarynyň 14-nji babynyň 7-11-nji aýatlaryny oka. Isanyň gürrüň beren tymsaly özünde diňe bir beýik akyldarlygy saklaman, eýsem sagdyn pikiri-de jemleýär. Şol tymsaly öz sözleriň bilen nädip gürrüň bermek bolar? «Sen diýip pikir edenden, mamla bolmasaň-da, gowusy özüň hakda pikir etmeli, hemme zat bolsa, tersine bolup çykýar». 33. GOWŞAKLAR, ERNI SUWLULAR WE ÖÝ ÝARÝAN OGRULAR BILEN GATNAŞMAÝARYS Fariseýleriň hyýaly rowaýaty Olar ýalylara Amerikanyň islendik mekdebiniň eýwanynda gabat gelmek bolýar. Erni suwlular, kirli maýmynlar, takyr kelleler. Lakamlar (siziň Los-Anjelesde ýa-da Des-Muanesde ýaşaýandygyňyza baglylykda) üýtgäp biler, emma bu zatlaryň ýagdaýyny üýtgedip bilmez. Laýyk gelýän ýa-da laýyk gelmeýän toparlar bar. Şonuň üçin hem laýyk gelmeýän topara düşmezlik üçin gaty ägä bolmaly. Aşakda getirilen käbir maglumatlar haýsy topary «laýyk gelýän», haýsysynyň «laýyk gelmeýändigini» tapawutlandyryp bilmäge size kömek eder. Gowşaklar, erni suwlular, kör zehinler we kem akyllar: eşikdäki stiliň ýoklugy (gözenek bilen çyzygyň sazlaşygyny tapawutlandyryp bilmezlik ýaly görnüşli). Oglanjyklar galstuk-kebelek şekilli galstuk dakynýar we çekdirmeli gysga balak geýýärler. Olara hakykatanam matematika we tebigat ylymlary ýaraýar. Takyr kelleler, körzehinler, pes medeniýetliler: jeňbaz topar. Olar ýaraga aklyny aldyran. Nobatdaky urşa garaşmaga takaty ýetmeýär. Tükeniksizlige çenli «Urşa!», «Täze alnan esgerleriň garawuly» ýaly filmlere seretmäge ukyply. Kirli maýmynlar, awtomanlar: olar «Bu körpeje sekiz minudyň içinde altmyşy geçýär» («Şeýlemi? Bu körpejäniň kapodynyň aşagynda 454 bar») we ş.m. gürrüňleri edenlerinde, maşyn barada hemişe «bu körpeje» diýip gürrüň edýärler. Oýunbazlar: adaty oýunbaz oýun meýdanynda bir aýagynyň üstünde aýlanyp tans edýän ýaly bolup görnüp biler. Olar uly kitabyň mazmunyny ýat tutup ýa-da çaklama maglumatlaryny kompýuter ýaly berip bilýärler. Ýöne olardan başga bir zat sorasaň welin, akly gapynyň tutawajynyňkydan köp däl bolup çykýar. Elbetde, bu sanawy giňeldibem bolar: başarnyksyzlar, ýat tutýanlar, bolgusyzlar, neşekeşler. Gepiň gysgasy, ýanynda görünmek mümkin bolan adamlar bar hem-de gowusy gabyrda-da bir ýerräkde ýatmaly däl bolan adamlar bar! Bularyň hemmesiniň sebäbi, eger sen erni suwly bilen dostlaşsaň, onda onuň «ernisuwlulygyndan» saňa-da geçmegi mümkin. Ýa-da käbirleri seni-de onuň bilen baglanyşdyryp başlar. Sen muňa ýol berip bilmersiň ahyry, şeýle dälmi? Isa-da şol kynçylyga gabat gelip gördi. Ol mugallymdy. Mugallymlar bolsa adamlaryň belli bir bölegi bilen gatnaşýardy: esasan hem özleri ýaly mugallymlar we «has dindar» adamlar bilen. Fariseýler uly janypkeşlik bilen berk düzgünleri işläp düzdüler. Şol düzgünlere laýyklykda, adamlary laýyk gelýän we laýyk gelmeýän toparlara bölýärdiler. Emma Isa bu düzgünden çykdy.Ol laýyk gelmeýän topar bilen gatnaşdy. Ol salgyt ýygnaýjylar bilen iýip-içdi. Heýwere kesellilere elini degirdi. Samariýaly aýal bilen gürrüň etdi (bu bolsa iki esse gadagandy). Netijede Isa üstünden gülünmelere, tankyda sezewar edildi. Ol fariseýleriň hyýaly rowaýatlaryna äsgermezlik bilen seredeýärdi, şonuň üçin hem Ol barada şeýle diýýärdiler: «Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty» (Luka 7:34). Şeýle-de bolsa, bu üstünden gülünmeler Isanyň ünsüni özüne çekmedi. Galyberse-de, Onuň iň wepaly dostlarynyň köpüsi laýyk däl topardandylar ahyryn. Ýigrenilen salgyt ýygnaýjy Matta Onuň ýakyn on iki şägirdiniň biri bolupdy. Isa tarapyndan gözi açylan garyp gedaý fariseýleriň öňünde batyrlyk bilen durup, Isa barada şaýatlyk edýär. Isa magdalaly Merýemiň içinden ýedi sany arwahy kowupdy. Isa hem haça çüýlenende-de, Merýem Ony terk etmedikleriň az sanlysynyň biridi. Kim bilýär? Belki mekdebiňizdäki gowşaklaryň, takyr kelleleriň ýa-da kirli maýmynlaryň arasynda dostuňyza gabat gelersiňiz? Elbetde, siz bir zadyňyzy pida etmeli bolýarsyňyz. Emma munuň üsti bilen bir zat edinýärsiňiz. Isa bize şeýle diýdi ahyryn: Mundan beýläk Men size gul diýmeýärin, çünki gul agasynyň näme edýänini bilýän däldir; Men size dost diýdim, çünki Atamdam eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidiň, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň. Ýahýa 15:15–17 Özüň göz ýetir Fariseýleriň hyýaly rowaýatlarynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Hoş Habarlarda Isa biziň öňümizde oturlyşyklarda we saçak başynda arzyly myhman hökmünde ör-boýuna galýar. Indiki aýatlary oka hem-de Onuň kimi Öz dosty saýandygyna üns ber: Matta 9:9–13 ______________________________________ Markus 14:3 _______________________________________ Luka 7:36 _________________________________________ Lukanyň Hoş Habarynyň 19-njy babynyň 1–10-njy aýatlaryny oka. Isa «salgyt ýygnaýjylardan» we «günäkärlerden» gaça durmandygyna seretmezden, Özüni olar ýaly alyp barmady. Isa bilen Zakkaýyň tanyşyş taryhyny sen eýýäm bilýäň, seniň pikiriňçe, kim kime täsir etdi? Bu taryhdan sen özüňe näme aldyň? 34. OGLANJYKLARY ÝOLA GETIRIP BOLMAÝAR Hakyky erkekler baradaky hyýaly rowaýat Meniň sözüme ynanaýyň, uly synplaryň oglanlarynyň geýim çalşylýan otagynda eşitmek mümkin bolan gürrüňiň, öz ejesiniň gulagyna baryp ýetmegini az kişi isleýändir. Jok seni polotensesi bilen urýar-da, şeýle diýýär: «Eý, Den, Andrea bilen anna güni bolan duşuşygyň nähili geçdi?» Ýanyňda duran oglan bolsa seni tirsegi bilen dürtüp: «Banky utduňmy»(kart oýnunda aýdylýan söz) diýýär. Ýene biri bilesigelijilik bilen ýaňkyny makullap: «Ol nähili, gyzgynja zatmy?» diýýär. «Ertesi ertirlik düşegiňize getirildimi?» Munuň yzyndan gaty wakyrdylar, gelşiksiz yşaratlar, «ine, körpeje diýip, şuňa aýdaýsaň», «bol, körpeje, bol» diýen ýaly haýasyz gykylyklar we aýylganç nalalar eşdilýär. Bu ýagdaý köp oglanlara tanyş. Hatda sen synpdaşlaryň aýdýan ýolundan ýöremedik bolsaň-da, olaryň soraglaryna oňyn jogap bermeseň-de, barybir «Öz maksadyňa ýeten» ýaly, «bu zady» eden ýaly, eýýäm jynsy gatnaşygy eden ýaly hereket etmeli bolýarsyň. Eger şunuň ýaly etmeseň, onda seniň bilen gürleşip oturasy iş ýok. Jynsy gatnaşyk — bu ösüşde belli bir basgançak ahyryn. Kimdir biri bilen ýatyp-turýançaň seni hakyky erkek hasaplamaýarlar. Bu hyýaly rowaýat. Şeýtanyň aly. Men muny «Näme üçin garaşanyňa degýär?» diýen şygar astynda bütin ýurtda geçirilen milli duşuşyk döwründe müňlerçe ýaş ýigitlere aýtdym. «Jyns gatnaşygynyň hakyky erkek bolmaklyga näme dahyly bar? Hatda on iki ýaşly ýetginjegem jynsy gatnaşyk bilen meşgullanyp bilýär!» Munuň yzyndan men şeýle diýdim: «Ine, şeýle, “ýok” diýmeklik welin hakykatdanam batyrlyk talap edýär». Men dowam etdim: «Göni durup: “Gulak as, men häzir jynsy gatnaşyklary edesim gelenok” diýip, hakykaty aýtmagyň üçin hakyky batyr bolmagyň gerek. Päklik — bu hakykatdanam guwanmaly zat!» Jyns gatnaşyklaryna başlamak gaty aňsat. Munuň üçin ýetişen adam ýa-da tutanýerli häsiýetli bolmak gerek däl. Emma märekäniň garşysyna gitmek welin hakykatdanam kyn. Häsiýet, güýç we batyrlyk ine, nirede gerek. Munuň size mälim bolmazlygy mümkin, ýöne Mukaddes Kitapda, her kimiň bilmegi gerek bolan, jynsy gatnaşyk synagynyň günäsiniň bolan birnäçe ýagdaýy suratlandyrylýar. Olaryň biri Ýusubyň durmuşynda boldy. Ýusup Müsür şasynyň janpenalarynyň başlygy bolan Potypar atly bir adamyň öýünde işleýärdi. Mukaddes Kitapda hemme zat açyk-aýdyň ýazylan: …Ýusup syratlydy, keşbi owadandy. Hojaýynyň aýalynyň Ýusuba gözi gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi. Gelip Çykyş 39:6–7 Ýusup ahlaksyzlygyň eline arkaýyn berlip bilerdi. Soňundan-da, mümkin, geýim çalyşylýan otagda gopbamsyrap, gazanan ýeňşi bilen öwnüp aýlanyp bilerdi. Özüňiň «hakyky erkekdigiňi» subut etmek üçin mümkinçilik boldy ahyryn. Mukaddes Kitapda: «Emma ol boýun gaçyrdy» diýlip ýazylan. Aslynda bu bir gezek gaýtalanmady. Hojaýnynyň aýalynyň oýnaşy bolmaklykdan boýun gaçyrmasynyň netijesinde ol azatlykdan mahrum boldy — ony ýerzemine saldylar. Ýöne Ýusubyň häsiýetem, batyrlygam, edermenligem bardy. Sebäbi Ýusup hakyky erkekdi. Diňe hakyky erkek adam oglanlaryň geýim çalşylýan otagynda «jemgyýetçilik pikiriniň» basyşyna döz gelip bilýär. Diňe hakyky erkek adam güýjüni bir ýere jemläp, öz ýörelgelerinden gidip bilýär. Diňe hakyky erkek adam «ýok» diýip bilýär. Özüň göz ýetir Hakyky erkekler baradaky hyýaly rowaýatyň bolgusyzdygyna göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Gelip Çykyş kitabynyň 39-njy babynyň 1–9-njy aýatlaryny oka. Ýusubyň Potyparyň aýaly bilen ýatmaga mümkinçiligi bolupdy. Ol şol aýalyň teklibine näme jogap berdi (8-nji aýat)? Ol özüniň boýun gaçyrmasynyň iki sebäbini görkezýär (8, 9-njy aýatlar). Olar haýsy sebäpler? Gelip Çykyş kitabynyň 39-njy babynyň 10-njy aýadyny oka. Ýusup şu synaga köp gabat gelýärmi? Ol şu synagdan nadip gaçmaga synanyşdy? Şol babyň 11–23-nji aýatlaryny oka. Ýusup Potyparyň aýaly bilen ýeke galanda, aýal ony ýene-de synaga salyp başlady. Şonda ol näme etdi (12-nji aýat)? Özüniň ak ýürekden eden hereketi üçin Ýusup jeza çekdi, ýöne Rebbe garşy günä etmekden boýun gaçyrany üçin nähili ak pata aldy (20–23-nji aýatlar)? 35. ÝERIŇ DIREGI WE ÄLEM-JAHANYŇ MERKEZI Garasöýmezleriň hyýaly rowaýaty Gulak as, sen, kellesiz! Seniň nähili etjegiň meni gyzyklandyranok, ýöne şol görkezgiçler bilen maglumatlar stolumyň üstünde bolmaly! Häziriň özünde! Reýçel Taunsend uly goh bilen telefony şakyrdadyp goýdy-da, kätibiniň adyny tutup arlady. Edaradaky ýumşak örtükli agaçgoşlar, garamtyl agaçlar bilen bezelen diwarlar öz hojaýynynyň nähili beýik derejelidigine şaýatlayk edýärdi. Stoluň bir gyrasynda bir kitap ýatyrdy. Ol kitap özüni okaýanyň «Nädip hemme zatda ilkinji bolmaly» diýen niýetleri barada aýdyň gürläp durdy. Reýçel öň öz işinde tiz abraý gazandy. Munuň sebäbi-de, ol öz maksadyna başgalaryň bähbidini hasaba alman we olara ýekeje-de nebsi agyrman seredendigi üçindi. Öz eýeleýän ýerini almak üçin başgalaryň depesinde ýörändigi oňa ýekeje-de bildirenokdy. Ol ýalan sypaýyçylykdan ejir çekmeýärdi. Özüniň wajyplygyny duýmaklyk bolsa, oňa çyn lezzeti berýärdi. Otaga kätibi girdi, Reýçel hem onuň üstüne buýruk baryny ýagdyrdy. «Häziriň özünde şu ýere beýnisiz mahlugy, hol Pattersony getir. Ellisona-da aýt, kim üçin edýän bolsa-da, ähli işlerini goýup, meniň hasabatlarym bilen meşgullansyn…» Ol birden sözüniň arasyny böldi. Kätibiň ýüzündäki bir zat ony şeýle etmäge mejbur etdi. «Siziň gyzyňyz…Eneke jaň etdi. Daniel çagalar meýdançasynda ýitipdir» diýip, ol zordan gürledi. Reýçel derrew telefona ýapyşdy. Ol enjama gaty gygyryp, şeýle tizlik bilen sorag ýagdyrdy. Ahyrsoňunda telefony goýdy-da, kätibiniň üstüne arlady: «Ýeriň aşagyndan bolsa-da, maňa öňki adamymy tapyp ber. Oňa aýt, ŞU MINUDYŇ ÖZÜNDE enekäniň ýanyna ugrasyn». Reýçel şol pursatda özüniň «BMW»-sine tarap okduryldy. Şäheriň köçelerinde at saldy. Yzygiderli düýdüldedip, gazyň pedalyna basyp, gazaply hereketler edip, öýüne tarap eňdi. «Eger şoňa bir zat bolan bolsa, men özümi öldürerin». Ol gyzyl çyrada-da geçdi. «Eger men ony tapmasam näme? Maňa kömek gerek». Maşyn haýallamazdan ýokary tizlik bilen burçuň aňyrsyna öwrüldi. «Maňa kim kömek edip biler? — Bu pikir ony oda salýardy. — Maňa kim kömek eder?» Reýçel birden özüni hemişe älem-jahanyň merkezi saýyp ýörendigi üçin hiç kiminiň galmandygyna, kömek sorap ýüzlenere adamynyň ýokdugyna düşündi. «Men özüme hiç haçan hiç kim gerek bolmaz öýderdim. Hemişe özümi beýleki adamlar hiç zat aňlatmaýan ýaly alyp barýardym… Edil ýeke-täk wajyp adam — bu men ýalydym». Reýçel barmaly ýerine ýetdi diýen ýalydy. Ol çatryga ýetende, maşyny birneme ýuwaşatdy. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärini gördi-de, wagtynda tormoz berdi. Onuň gahary atyljak bolup duran wulkana çalym edýärdi. Ol pyýadalaryň geçelgesinde özüne arkasyny öwrüp duran gözegçini tanady. Ol gözegçi maşynlaryň hereketlerini tertipleşdirip, mekdep okuwçylaryna ýoldan geçmäge kömek edip, bu ýerde köpden bäri işleýärdi. Onuň şekili Reýçele hemişe sansyz, biderek bolup görünýärdi. Indi bolsa ol bu zatlaryň üstesine-de, derrew tormoz basmaga we gymmatly wagtyny ýitirmäge ony mejbur etdi. Reýçel onuň üstüne nälet ýagdyrmak üçin agzyny açanda, onuň bir çagajygyň — öz çagasy Danieliň — elinden tutup duranyny gördi! Reýçel gapysyny açdy-da, goja tarap okduryldy. Ol özüniň ýylgyryp duran üç ýaşlyja gyzyny onuň elinden çekip aldy-da, minnetdarlyk duýgusyndan dolup-daşyp, çagany bagryna basdy. Uly guramanyň ýerine ýetiriji direktory bolan Reýçer birden özüni şeýle kiçi we goragsyz duýdy. Goja bolsa, asla garaşylmadyk ýagdaýda örän wajyp adam boldy duruberdi. Reýçel Taunsend örän seýrek garasöýmezlerdendi: özüni çyny bilen dünýäniň merkezi hasaplaýanlardandy. Islendik garasöýmez özüni beýlekilerden ýokary goýýar hem-de takmynan şeýle pikir edýär: «Hemmeleri unutmak gerek. Eger durmuşdan gerek zadymy diňe men alsam, onda hakyky bagtly bolaryn». Emma bu hyýaly rowaýat. Bu ýörelgä eýerýänler, elbetde, bir wagt baýlygam, häkimligem alyp bilerler, ýöne olar ýekelikden we lapykeçlikden gutulyp bilmezler. Biziň her birimiziň, hatda iň kiçijik çaganyňam Hudaýyň öňünde bahasyna ýetip bolmajak zatdygyny Isa öwretdi. Eger siz töweregiňizdäkileriň gymmatyny ykrar etseňiz, onda diňe has-da bagtly bolarsyňyz. Bu ykrar etme siziň bagtyňyzy kemeltmeýär. Isa: «Ýakynyňy özüň ýaly söý» diýen tabşyrygy köp gezek gaýtalady. Özüňden az söýmeli däl. Özüňden ýokary-da söýmeli däl. «Ýakynyňy özüň ýaly söý». Şahyr Jon Donnuň sözleri-de şeýle etmäge çagyrýan ýaly: Hawa, adam ada däl-de, Materigiň bir bölegi Hudaýyň elleriniň Bizi şeýle gazap bilen Adamzat girdabyna Duçar edenine düşünmek Bize aňsat däl. Her täze ölüm bilen Seňem bir bölegiň ölýär. Eger ýas jaňlary Ýaňlansa birden Gussa bilen pikirlen Jaň seň üçin dälmikä? Hudaý seni dünýäniň merkezi edip ýaratmady ahyryn. Ýöne Ol seniň durmuşyňyň merkezi bolmak isleýär. Özüň göz ýetir Garasöýmezleriň hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin, şu ýumşy ýeine ýetir. Aşakda sanalyp geçilen Mukaddes Ýazgylaryň aýatlary haýsydyr bir garasöýmez barada gürrüň berýär. Her bir aýady oka we iki soraga jogap ber: gürrüň haýsy garasöýmez(ler) barada barýar? Oňa näme boldy? Şawuweliň 2-nji kitaby 15:1–12; 18:17 ___________________________ 1-nji Patyşalar 1:5,6, 42–53 ______________________________________ Işaýa 14:3, 4, 12–15 _____________________________________________ Matta 20:20–28 _________________________________________________ 36. OWADAN ZENAN DÄL-DE, NÄGEHAN Žurnalyň daşyndaky owadan zenan baradaky hyýaly rowaýat Fotomodeliň daşky görnüşi Ketrine «Wog», «Madmazuel» žurnallarynyň sahypalarynda özüni görkezmäge mümkinçilik berdi. Onuň gelşikli keşbi ýörite agşamky dabaralarda geýilýän gara köýnek üçin ýaradylan ýalydy. Ol özüniň gözelligi we mylaýymlygy bilen örän baý adamlaryň ýokary derejedäki dabarasyny bezäp bilýärdi. Beýle bolsa, ol kanalizasion lýukda nämäni ýatdan çykardyka? «Owadan zenan we nägehan» teleserialynyň şeýle meşhur gahrymany Ketrin (Linda Gamilton), ýarymadam-ýarymnägehan Ron Perlmanyň keşbini janlandyran Winsentiň ýerzemindäki (aslynda, taşlanan metro tonnelidi) gaçybatalgasyna köp gatnaýardy. Aýdaly, bu täze gapdaky köne taryh. Şeýle-de bolsa, bir sorag maňa rahatlyk berenok: «Bu aýal onda näme tapdyka?» Aslynda gahryman aýal, moda žurnalynyň daşky sahypasyndan çykyp gelen ýaly gözel gara saçly zenany birden gijeki elhençlik ýaly gorkunç, onda-da ýerzeminde ýaşaýan, ýigide aşyk bolýar. Bu boljak zat däl! Elbetde, bu waka kino žanrynyň kanuny boýunça gurlan. Winsent Ketrine özüniň daşky görnüşi üçin däl-de, daşky görnüşiniň tersine bolany üçin ýaraýar. Bu aýal ýolbars maskasynyň aňyrsynda gizlenýän adamy söýýär. Ol ony rehimliligi we mylaýym ýüregi üçin …belki-de, ajaýyp sesi üçin söýýär. Elbetde, munuň ýaly wakalar bize ýaraýar, sebäbi munuň ýaly söýgä köp gabat gelmeýärsiň. Munuň şeýle bolýandygynyň sebäbi, köpimiz žurnalyň daşyndaky owadan zenan baradaky hyýaly rowaýata özümizi maýyl edýäris. Biz hakykatdanam durmuşymyzyň daşky görnüşine baglydygyna ynanyp başlaýarys. Eger gyz El Makfersona, ýigit hem Patrik Sueýzä meňzeş bolmasa, onda olar gelşikli däl hasaplaýarys. Emma bu hyýaly rowaýat. Telegepleşikler, žurnallar, kino we wideofilmler hemişe nämäniň owadandygy, nämäniň owadan däldigi baradaky pikiri bilen ylalaşmaga mejbur edip, bize taýýar keşpleri görkezýärler. Mundan başga-da, habar beriş serişdeleri owadanlygyň bagty aňladýandygyna bizi ynandyrjak bolup, azar baryny görýärler. Indi bolsa, hökmany suratda «Jordaş» jinsisini ýa-da «Meýbellin» kosmetikasyny mazamlaýan owadan zenanlar we owadan erkekler ýaly bolmagymyzyň hökman däldigine seretmezden, mesihiniň betnyşan hem bolmaly däldigini ýatda saklaň. Owadanlyk düşünjesiniň diňe bir ajaýyp keşbi, türgenleşdirilen çiginleri, mawy gözleri aňlatman, eýsem has köp zady özünde jemleýändigine düşünmegimiz gerek. Köp ýagdaýlarda adamyň owadanlygy onuň ak ýürekliligine, häsiýetine bagly bolýar. Hudaýyň Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip saýlamagynyň sebäbi, onuň daşky keşbi ýa-da beden gurluşy üçin däldi. Sebäbi Hudaý şeýle diýipdi: …Men adamlaryň seredişi ýaly seretmeýäriň; sebäbi adam ýüze seredýär, Reb bolsa ýürege. Şamuweliň 1-nji kitaby 16:7 Durmuşyň görkezişi ýaly, köplenç owadanlyk — bu ak pata däl. Munuň mümkin däl ýaly bolmagy ahmal, ýöne käte owadanlyk gyzyň depressiýa düşmeginiň sebäbi bolýan nägehana öwrülýär. Ýaş ýigitler bolsa mertebe duýgusyny ýitirýär. Ýekelik, goragsyzlyk we gerek dällik duýgusynyň azaryny çekýän «owadan» adamlar köp. Hakykat ine şunda, eger siz bagt saçyňyzyň reňkine ýa-da eşigiňize bagly diýip pikir edýän bolsaňyz, lapykeçlik üstüňizi basar. Elbetde, geýen eşigiňiziňem ähmiýeti bar, ýöne diňe bir aýnanyň görkezýän keşbine däl-de, birazrajyk çuňrak seretmäni öwreniň. Eger size öňüňizde duran adam ýaraýan bolsa, onda görüp bilmeýän zadyňyz däl-de, gözleriňiziň görýän zatlary ýaraýan bolmaly. Özüň göz ýetir Žurnalyň daşyndaky owadan zenan baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Nädip bagtly bolmalydygy barada Mukaddes Kitapda köp ýazylan. Aşaky aýatlary oka we bagtyň adama näme berýändigi baradaky sözleri ýaz. Olary aýry bir setire ýaz. Soň bagtyň daşky görnüşe baglydygyny aýdýan setirlerini bellik bilen belle. Mezmur 144:15 _______________________________________ Mezmur 32:1 _________________________________________ Süleým. Tyms. 3:13 ___________________________________ Süleým. Tyms. 14:21 __________________________________ Süleým. Tyms. 16:20 __________________________________ Luka 11:28 ___________________________________________ Ýakup 1:12 ___________________________________________ 1 Petrus 3:14 __________________________________________ 37. HEMMELER NÄHILI BOLSA, MENEM ŞONUŇ ÝALY Köpleriň edişi ýaly etmelidigi baradaky hyýaly rowaýat «Eje, özüň oýlanyp gör. Biz neşe ýa-da başga bir zatlar bilen meşgullanmakçy däl ahyryn. Bu diňe bir agşamlyk dabarajygy» diýip, Andrea nägile ses bilen aglamjyrady. «Eger öýünde uly adamlardan biri bolmasa, sen Bredlere ýa-da başga kimlere bolanda-da, agşamlyk dabarajygyna gideňok». Andrea: «Seniň maňa beýle edýäniňe ynanyp bilemok. Ol ýerde biziň tanyşlarymyzyň hemmesi ýygnanyşýar. Diňe men öýde galmaly, sebäbi nämemiş, meniň ejem munuň ýaly dabarajyklar ýaş hanymlar üçin däl diýip hasaplaýarmyşyn» diýdi. Andrea ejesi bilen dynç günleriniň ahyryna çenli gürleşmedi. Ol: «Biziň günlerimizde munuň ýaly ýerlere hemmelerem gidýärler. Bu yzagalak pikirleriň hemmesi geçmişiň işi. Ejem bilen kakamyň çagalygyndan bäri köp zat üýtgedi» diýip pikirlendi. Ýöne Andrea başgüni irden Juliýanyň hem Bredlere gitmändigini eşidip, haýran galdy. «Meniň ejem bilen kakam munuň ýaly zada hiç haçanam rugsat bermeýärler. Ol ýere hatda Sindi-de gitmändir». Andrea Brediň ene-atasynyň gözegçiligi astynda bolmadyk agşamlyk dabarajygynda olaryň hemme tanyşlary bolar diýip pikir edipdi. Elbetde, ol entegem ejesinden öýkeläp ýördi, ýöne özüni ejesiniň gitmegi gadagan eden günündäkiden has gowurak duýýardy. Andrea «hemmeler şeýle edýän bolsa, onda maňa-da mümkin» diýen giň ýaýran pikire eýerdi. Emma bu hyýaly rowaýat. Muny hemmeler edenok. Käwagt, elbetde, tersine ýaly bolubam görünýär, ýöne düşgür ýaş ýigit ýa-da gyz töweregindäkileriň özlerine ynandyrjak bolmaga çalyşyşlary ýaly, «muny» hemmeleriň etmeýändigine iru-giç düşünýärler. Nika çenli jynsy gatnaşyklara hemmeler baş goşmaýarlar. Mendäki belliklere görä, mesihi maşgalada terbiýelenýän çagalaryň 50%-den gowragy «muny» etmeýär. Bu san ynandyryjy sandyr. Hemmeler çilim çekmeýärler. Käbir barlaglar şu günki günde ýaşlaryň 80%-i çilim ýekmeýändigini görkezýär. Alkogoly-da hemmeler ulanmaýarlar. Uly synp okuwçylarynyň 30%-niň alkogol ulanmaýandygyny, 10%-niň bolsa, dadyp hem görmändigini barlaglar görkezdi. Neşäni-de hemmeler ulanmaýarlar. Miçigan uniwersitetiniň ýanyndaky durmuşy barlaglar merkezi ýetginjekleriň kokaini we beýleki neşe serişdelerini ulanyşynyň aşak düşendigini habar berdi. Amerikan ýaşlarynyň umumy sandan 40% neşe serişdelerini bikanun ulanmakdan el çekdi. Ynamy hemmeler ýitirenok ýa-da gepiň gerdişine görä aýtsak, ondan «ösüp geçmeýärler». Iki müň ýetginjegiň gatnaşmagynda geçirilen barlag, olaryň 60%-niň dine durmuşynyň wajyp bölegi hökmünde garaýandygyny görkezdi. Köplenç ýetginjekler öz dostlaryny, deň-duşlaryny hilä salyp, hemmeleriň edişi ýaly etmäge mejbur etmek üçin «muny hemmelerem edýär» diýen ýalany ulanýarlar. Meniň pikirimçe, «muny» hemmeleriň edýändigi baradaky hyýaly rowaýata ynanmak gerek däl. Bu gaty bir beýle-de däl. Köp ýetginjekler nädip «ýok» diýmelidigini bilýärlär hem-de köp gezek şeýle edýärler. Özüň göz ýetir «Muny» hemmeleriňem edýändigi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Aşakda getirilen setirlerde «muny» etmeýän ýetginjekleriň atlaryny ýaz (has zerur ady, ýagny öz adyňy ýazmagy-da utanma!) Nika çenli jynsy gatnaşyklaryna baş goşmaýanlaryň 30-40%-niň arasynda: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Çilim çekmeýänleriň 80%-niň arasynda: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Alkogol ulanmaýanlaryň 30%-niň arasynda: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Neşäni bikanun ulanmakdan el çekenleriň 40%-niň arasynda: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Dini durmuşynyň iň wajyp bölegi hasaplaýanlaryň 60%-niň arsynda: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ 38. JYNS GATNAŞYGY — BU HAPA SÖZ DÄL Puritan hyýaly rowaýaty «Ruhgüni agşam» atly serialyň gahrymany, ybadathana hanymy Dana Karwaýyň keşbiniň meşhur bolmagynyň sebäpleriniň biri-de, onuň mesihilik baradaky adaty adam pikirini görkezýänligindedir. Topugyna düşüp duran içgysgynç köýnekli we başy sopbaşly bu aýalyň ikiýüzli, ýaranjaň häsiýeti mesihiler jynsy gatnaşyga utançly ýa-da ahlaksyz bir zada seredýär diýen pikire gabat gelýär. Köpleriň pikiriçe, Isanyň yzyna eýerenler jynsy gatnaşygy ýazgarýan Hudaýa ynanýarlar diýip pikir edýärler. Emma bu hyýaly rowaýat. Jynsy gatnaşyk — bu hapa söz däl. Bu utançly, gabahat ýa-da ahlaksyz bir zat däl. Hudaý jynsy gatnaşyga garşy, Ol ony ýigrenýär diýmek hem bolmaz. Ol jynsy gatnaşygy ýaradan Hudaý ahyryn! Hemme zadyň başlangyjyny Ol başlady. Gelip Çykyş kitabynda Hudaýyň nädip ýaradyşy barada aýdylýar. Ol ýerde şeýle sözler bar: Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy. Gelip Çykyş 1:27 Ol erkegi hem aýaly jynsy aýratynlyklar bilen ýaratdy. Hudaý olara jynsy gatnaşyklary we tebigy duýgyny berdi. Soň bolsa Ol bu zatlara, sözüň doly manysynda, jynsy gatnaşykly ýaradylanlara seretdi-de, Mukaddes Kitapda ýazylyşy ýaly, Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Gelip Çykyş 1:31 Jynsy gatnaşyk Hudaýyň dünýäni ýaradyş maksatnamasyna özal-başda giripdi. Ol erkege hem aýala: «Köpeliň, örňäp-ösüň» diýende, elbetde, munuň üçin jynsy gatnaşyklaryň bardygyny göz öňünde tutupdy. Mukaddes Kitapda ýeterli derejede açyk suratlandyrylýan birnäçe jynsy gatnaşyklar bar. Söýgi hakdaky poema görnüşünde ýazylan Süleýmanyň Aýdymlary kitabynyň dili ybadathana hanymynyň ýüregini gürrüňsiz ýarardy. Resul Pawlus Korintos ýygnagyndaky är-aýallara jynsy gatnaşyklara degişli bolan wajyp maslahatlary berdi. Ýöne bir zady ýatda saklamak gerek, Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyklaryň diňe är-aýalyň arasyndaky lezzet üçindigi aýdylandyr. Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýewr. 13:4 Hudaý jynsy gatnaşyklary ýaratdy; adam bolsa, ony nika baglanyşygynyň daşyna çykaryp, bulaşdyrdy. Erkek bilen aýal jynsy gatnaşyklardan lezzet alyp, mundan şatlyk, kanagatlanma duýgusyny alyp, dolulygyna bir-birinde erär ýaly, Hudaý jynsy gatnaşygy ýaratdy; adam bolsa, Hudaýdan alan sowgadyny ýoýdy. Hudaý: «Zyna etme» ýagny, «ahlaksyz jynsy gatnaşyga baş goşma» diýende, Ol muny siziň şatlygyňyzy ýok etjek bolýan älem-jahan ýüregedüşgünji bolany üçin däl-de, tersine, diňe bir söýgüniň berip biljek şatlygyny söýýän Hudaý bolandygy üçin aýtdy. Hudaý sizi ynamsyzlykdan ýa-da şübheden goramak isleýär hem-de doly bahaly söýginiň, nikanyň, jynsy gatnaşyklaryň iň wajyp zady bolan şerti bermek isleýär. Ol sizi jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň howpundan goramak isleýär we bize nikalaşanymyzdan soňky jynsy gatnaşykly durmuş üçin rahatlyk bermek isleýär. Kimdir biri bilen eýýäm jynsy gatnaşyk edendigimiz üçin nikalaşmaga mejbur edýän, köplenç betbegt nika alyp barýan, weýran ediji gatnaşyklardan Ol bizi saklamak isleýär. Galyberse-de, Ol adamyň öz söýgülisine nika gijesi berip biljek iň beýik söýgi sylagyny, biziň päkligimizi saklamak isleýär. Özüň göz ýetir Puritan hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşaky ýumşy ýerine ýetir. Süleýmanyň Tymsallary Kitabynyň 5-nji babynyň 1-23-nji aýatlaryny oka. Bu akyldaryň bikanun jynsy gatnaşygy bilen ýanýoldaşlaryň jyns gatnaşygynyň arasynda goýýan tapawudyna üns ber. Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň suratlandyrylýan ýeri bolan 18-19-njy aýatlary aýratyn belle. Süleýmanyň Aýdymlary Kitabyndaky tolgundyryjy şahyrana setirleri oka (3-5-nji baplar). Bu söýgi şygyrlary Hudaýyň erkege öz aýalynyň üsti bilen, aýala öz äriniň üsti bilen berýän duýguly lezzeti (diňe bir jynsy gatnaşygy aňlatmaýar) suratlandyrýar. 39. KÖWÜŞLER, GÄMILER, LEŇŇEÇLER WE BAŞGA-DA KÄBIR ZATLAR BARADA Başbozarlaryň hyýaly rowaýaty German atly leňňeç deňziň düýbünde alňasap ýörşüne maşgala daşynyň aşagyna kürsäp girdi. Ol öz kakasyna: «Men azat bolmak isleýän! Gün içindäki ýigrimi dört sagadyň dowamynda maňa bu samsyk sowudy geýmäge meni nädip mejbur edip bilýändigiňe men düşünemok! Ol hereket etmäge maňa päsgel berýär! Ol meni gözellikden mahrum edýär. Meniň dostlarymyň biri sowutlara garşy närazylyk bildirýän topar gurajak bolýar, menem şol topara goşulmakçy!» diýip gygyrdy. Onuň kakasy Fred atly leňňeç uludan demini aldy-da, özüniň agyr gysgyjyny Germanyň egnine goýdy (leňňeçleriňem egni bar ahyryn. Egniniň nirede gutarýandygyna, arkasynyň nirede başlanýandygyna olar diňe başga bir leňňejiň kömegi bilen düşünip bilýärler). German gözlerini agdardy. Fred: «Oglum, bir wakany gürrüň bermäge maňa rugsat et» diýdi. «Kaka, maňa her hili zady gürrüň bermegiňi bes et…» «Bu waka mekdebe aýak ýalaňaç gitmegi talap eden Hamfri atly bir adamyň durmuşynda bolupdyr. Ol köwşüň öz hereketine päsgel berýändigini aýdyp, arz edipdir. Ýene-de ol köwüşleriň öz gelşigini gaçyrýandygyny aýdypdyr. Gülleriň, otlaryň, atyzlaryň we çeşmejikleriň üstünde aýakýalaňaç ylgamak üçin ol köwüşden azat bolmak isläpdir. Ahyrsoňunda ejesi oňa rugsat beripdir. Ol öýden okdurylyp çykypdyr — bilýäňmi ondan soň näme bolupdyr?» German agzyny açyp-açmanka kakasy oňa gürlemäge maý bermän, gürrüňini dowam etdirdi. «Hamfri atly adam limonadyň çüýşesiniň döwügini basypdyr. Onuň dabanyna ýigrimi tikin düşüpdir. Mekdebi gutardyş dabarasyna onuň halaşýan gyzy başga bir ýigit bilen gidipdir». «Kaka, bu örän samsyk waka». «Munuň şeýle bolmagy-da mümkin. Ýöne gepiň özeni her bir leňňejiňem irde-giçde şunuň ýaly zady başdan geçirýändigindedir. Eger sowutdan doly azat bolup bilsek, durmuş has gowurak bolardy diýip, olar pikir edip başlaýarlar. Emma bu azatlygyny çäklendirýän gämiden ýadan deňizçiniň özüni deňze taşlap, tolkunlaruň erkine berşi ýaly bir zatdyr. Onuň bu azatlykdyr öýtmegi mümkin, ýöne ol gämä gaýdyp gelmese ýa-da tizräk kenara çenli ýüzüp barmasa, onda gark bolar — bu nähili azatlyk bolýarmyşyn?» German kakasynyň sözleriniň üstünde oýlandy. Kakasy: «Tizara sen öz sowudyňy taşlarsyň oglum» diýip, bu barada aýtmaly wagtyndan öň aýtmagyň nähili kyndygy hakda oýlanyp oturşyna aýtdy. Ýaş leňňeç haýran galan ýaly bolup görünýärdi. Öz oglunyň gözlerinden okan soragyna Fred şeýle jogap berdi: «Hawa, hawa sen çala eşitmediň. Beýle ýagdaý ulalandan soň her bir leňňeçde-de bolýar. Ýöne, — ol seresaplyk syzylýan äheň bilen dowam etdi, — sowutsyz galanyňdan soň sen durmuşyňda hiç haçan bolmadyk gowşaklykda bolarsyň. Täzesi hem edil şu sowudyň ýaly (ol oglunyň arkasyny gorap duran berk buýnuz okara kakdy) berkeýänçä, sen adatdakydan has seresap we hüşgär bolmaly bolarsyň. Şu sowutsyz sen özüňdäki azatlygyň has azdygyny duýarsyň». German: «Bu zatlaryň hemmesi gaty geň zatlar. Men bu barada hiç haçanam pikir etmändim. Sen maňa käwagt bir zatlar biziň azatlygymyzy çäklendirýän ýaly bolup görünýär, aslynda bolsa şol zat mümkin boldugyça biziň azat bolmagymyza mümkinçilik berýär diýmekçi bolýaň. Men saňa dogry düşünipdirinmi?» diýdi. Fred leňňeç özüniň uly gysgyjyny Germanyň arkasyna goýdy. Soň olaryň ikisi bile maşgala daşynyň aşagyndan çykdylar. Ol: «Sen haçan beýle akylly bolduň, oglum?» diýip sorady. Özüň göz ýetir Başbozarlaryň hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Köpler On tabşyryk we Mesihiň hemme taglymatlary azatlygy çäklendirýär hem adamlary gandallaýar diýip pikir edýärler. Ýöne tabşyryklar özüni ýerine ýetirýän adama hakyky azatlygy berýär. Çykyş kitabynyň 20-nji babynyň 1-17-nji aýatalryny oka. Bu tabşyryklary ýerine ýetirmeklik nähili azatlygy berip bilýär? (Mysal üçin, altynjy tabşyryk seni jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýän keseller bilen kesellemek gorkusyndan azat edýär). Öz jogaplaryňy ýaz: ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Mattanyň Hoş Habarynyň 5-nji babynyň 1-12-nji aýatlaryny oka. Şu aýatlarda jemlenen Isanyň öwüt-nesihatlaryna eýermeklik nähili azatlygy berýär? ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynyň 36-njy aýadyny oka. Ony ýaz. ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ ________________________________________________________________ 40. DEMIŇ TUTULAN MAHALY Ilkinji bakyşdan söýgi baradaky hyýaly rowaýat «Ine şeýle, okuwyň şol ilkinji güni daşym oglanlardan ýaňa hümmer bolup, öz şkafymyň ýanynda durdum. Biz aňry-bäri zatlar barada gürleşip durduk — oglanlaryň näme hakda gürleşmegi gowy görýändigini özüňiz bilýäňiz. Birdenem — ol girdi. Mekdebiň jaýyna girip gelýän ony gören ilkinji minudymda, şol gyzyň diňe özüm üçin ýaradylandygyna düşündim. Oglanlar, ol gyz kämilligiň özüdi. Men onuň eginlerine düşüp duran sary saçlaryny gördüm. Şonda damarlarymdaky gan iki ýana at çapdy. Ol suwa düşülýän ýerde näzijeklik bilen güne ýanan ýaly, ýüzi gararak bolup durdy. Onuň şekili bolsa meniň ýaly on ýedi ýaşly ýigidiň başyny sanalgy sekundyň içinde aýlap biljekdi. Men aşyk boldum. Bir garaýyşda, düşünýäňizmi? Hiç bolmanda özüm barada muny örän takyk aýdyp biljek. Elbetde, onuň ünsüni çekmek we «sap gözelligiň çür depesi» bilen duşuşyga ýetmek üçin birnäçe wagt gerek boldy. Soňam näme, hemme zat nobaty bilen geçdi — toý, çagalar, soň bolsa, biz uzak we bagtly ýaşadyk». Saňa hakyky söýgi gelen wagty ine, nähili bolýan eken diýsene. Bir bakyşda döreýän söýgi. Käwagt gyza ýa-da ýigide nazaryňy aýlamak ýeterlik, sen eýýäm bütin ömrüň söýgüsine duşandygyňy bilýärsiň. Bu hyýaly rowaýat. Munuň ýüzden bir ýagdaýda bolmagy mümkin. Ýöne bu seýrek ýagdaýlar hakyky söýgini aňladýar diýip pikir etmek howply ýalňyşlyk bolardy. Söýgi — bu ilki bilen duýgy: joşgunly sözler, kellä gan urýar, demiň tutulýar diýip pikir etmeklige biz endik edinipdiris. Emma Mukaddes Kitapda söýgi hakda ilki bilen hereket hökmünde; seniň ýöne bir duýýan zadyň hakda däl-de, edýän zadyň hakda gürrüň berilýär. Köpleriň düşünişine görä söýgi — bu Kolumb üçin Täze Dünýä meňzeş bir zat — sen ony gözläbem duraňok, birdenem — ine ol! Söýgi! Hakykatynda hemme zat tersine. Söýgi bagda ösüp oturan hoşboý ysly güle meňzeýär — sen ony ekýärsiň, suwarýarsyň, dökünleýärsiň, oňa zeper ýetiräýjek zatlardan ony goraýarsyň. Ony ýene birnäçe wagtlap suwarýarsyň. Aýlar, hepdeler, günler geçenden soň gül açyp başlaýar. Eger sen ony dökünlemegiňi, suwarmagyňy dowam etseň, ol ýene ulalyp, güllemegini dowam eder. Köp gatnaşyklaryň adamlaryň muňa düşünmeýändigi üçin başa barmaýan bolmagy-da ahmal. Öz duýgusynyň üstünde işlemäge az sanly adam taýýar. Tohumy ekeniňden soň suwaryp durmalydygy barada az adam pikir edýär. Güli köki bilen goparyp biljek harasada az adam taýýar. Gül ekilen topraga ideg etmäni az adam isleýär. Netijede, hakyky söýginiň ýaýradýan hoşboý ysyndan lezzet almaklyk az adama başardýar. Söýginiň işjeň häsiýeti barada Resul Pawlus: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar Ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýlyňyzy söýüň» diýýär. Mesih Ýygnagy nähili söýdi? «…onuň ugrunda Özüni pida etdi. Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr» diýende gürrüň berýändir (Efes.5:25, 28–29). Güne ýanan ajaýyp saryýagyz gyz ýanyňyzdan geçende, siz öňkiňiz ýaly tolgunma duýup bilersiňiz. Eger size futbol toparynyň ýolbaşçysy üns beräýse, kelläňizi ýitirip bilersiňiz. Ýöne bu söýgi däl. Bu kiçijik tohumdan ajaýyp hoşboý ysly güli ösdürip ýetişdirmäge ruhlandyrýan döredijilikli duýgy däl-de, guwanmaklyk. Özüň göz ýetir Ilkinji bakyşda dörän söýgi baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin aşakdaky ýumşy ýerine ýetir. Pawlusyň söýgä bagyşlan meşhur babyny, ýagny Korintoslylara 1-nji hatyň 13-nji babyny oka. Okan zatlaryňa laýyklykda hakyky söýgini häsiýetlendirýän zatlary ýaz Söýgi ________________________________________, Söýgi ________________________________________ (4-nji aýat) Söýgi her zada _______________________________, her zada _____________________________, her zada _____________________________, her zada _____________________________ (7-nji aýat) Söýgi ________________________________________ däldir, ______________________________________________ däldir, ______________________________________________ däldir (4-nji aýat) ______________________________________________ däldir, ______________________________________________ däldir, ______________________________________________ däldir, ______________________________________________ däldir (5-nji aýat) Söýgi ________________________________________ ______________________________________________ (6-njy aýat) Söýgi asla ____________________________________ (8-nji aýat) Indi bolsa, ýazan zadyňa seret. Sanalan häsiýetleriň näçesi duýga degişli? Näçesi herekete degişli? 41. ÖZ-ÖZÜŇI BEJER Ynsanperwerleriň hyýaly rowaýaty Baddi bilen Natan söwda merkeziniň içinde aýlanyp ýörüşlerine, üstünde kitaplar ýatan stoluň ýanynda saklandylar. Stoluň başynda bolsa, olara ýylgyryp seredýän bir aýal bilen bir erkek otyrdy. «Eger sizi bir zat gyzyklandyrýan bolsa, maňa aýdaýyň» diýip, erkek adam aýtdy. Käbir kitapçalary, mysal üçin, «Isa hiç haçanam bolmandy» diýen kitaby mugt hem almak mümkindi. Beýlekileri üçin bolsa tölemelidi. Şonda-da umumy dünýä, bilim, ybadathanadaky we döwletdäki bölünişikler barada gürrüň bermegi wada berýän kitaplaryň atlary özüne çekijidi. «Aýzek Azimowyň Mukaddes Kitap boýunça ýolbeledi» diýen kitaby elinde tutup durşuna Baddi: «Seretsene, men bu adam barada bir zatlar eşidipdim» diýdi. Erkek adam ýerinden turdy-da, stoldan üstaşyr seredip: «Elbetde, bu diýseň ajaýyp kitap. Munda diňe bir Suw basma we Gara deňziň üsti bilen gaçyş hakdaky az belli bolan maglumat açylyp görkezilmän, eýsem Mukaddes Kitapda ýekeje-de söz aýdylmadyk käbir zatlaryň üstüne şöhle saçylýar. Bu kitapda Mukaddes Kitap rowaýatlary bilen taryhy maglumatlar birleşip, adamzat taryhyna has aýdyň görnüşi berýändigi görkezilýär» diýdi. «Hawa-la, elbetde,» — diýip, Natan erkek adama başyny atdy-da, Baddiniň elinden kitaby alyp, stoluň üstüne goýdy. Ol: «Gideli şu ýerden» — diýdi. «Saňa näme boldy? — diýip, Baddi stoluň ýanyndan aýrylyp, birnäçe ädim geçenlerinden soň sorady. — Näme üçin biz ol ýerden tiz gaýtdyk?» Natan egnini gysdy-da: «Bilemok. Ýöne bir zad-a maňa ýaranok» diýdi. Natan paýhasly hereket etdi. Ol maksatlaryna derrew düşünmek kyn bolan dünýä ynsanperwerleriniň toslamalaryna özüni aldyrmady. Ol adamlar islendik ýagdaýda-da Mukaddes Kitaba, mesihilere we Ýygnaga garşy çykýarlar. Ynsanperwerleriň pikiriçe, dünýäni diňe adamlaryň özleri halas edip bilýär. Hudaý adamy halas edip bilmeýär, sebäbi Hudaý ýok diýip pikir edýärler. Adamy din hem halas edip bilmeýär, sebäbi din — bu ýalan. Ynsanperwer halas bolmany, parahatçylygy we abadançylygy gökden däl-de, öz içinden gözlemeli. Ynsanperwerleriň pikirine görä, şahsy halas boluşa, dünýäni gowulaşdyrmaga bolan ýeke-täk umyt adamyň dini pikirlerden el çekmeginde we hiç zada bolan çyn ynama ynanmagynda, diňe özüňe bil baglamalydygynda jemlenen. Adamyň özüni hem-de töweregindäki dünýäni haýsydyr bir Hudaýyň kömegi bolmasa-da, halas etmäge güýjüniň ýetjekdigine çyn ýürekden ynanýarlar. Bu hyýaly rowaýat. Adamzat taryhy tehniki ösüşiň güýçlüdigine seretmezden, biziň päk ýürekliräk, mähirliräk bolmaýandygymyz baradaky maglumaty tassyklaýar. Ynsanperwerleriň hereketi parahatçylygy köpeltmedi ýa-da uruşlary ýok etmedi. Adamyň kynçylyklaryny öz güýji bilen çözmäge güýji ýetmeýär. Muňa XX asyrda hakyky bolup geçen wakalar şaýatlyk edýär: iki gezekki bütindünýä uruşlary, Gitleriň görkezen tertibi, Staliniň görkezen tertibi, gyzyl khmerleriň (khmer Kampuçiýanyň esasy ilaty) görkezen tertibi, makkartizm, ku-kluks-klan, zerre ýaragyny ýaýratmak, adamlaryň uruşdan, açlykdan we yzarlamalardan gaçmasy — bu zatlaryň hemmesi adamzadyň öz güýjüne we aklyna bil baglamaklygyň umydynyň biderekdigini görkezýär. Elbetde, biz urşuň, açlygyň bolmazlygy üçin elimizden gelenini etmeli, biz kesellere, adalatsyzlyga garşy göreşmeli. Emma adamzat öz-özüni halas edip bilmeýär. Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan: «Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýok» (Res. iş. 4:12). Bu asyrda-da ynsanperwerler Pawlusyň birinji asyrdakylar barada ýazyşy ýaly, halas bolşa ýakynlaşmazlar: Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn. Riml. 1:25 Özüň göz ýetir Ynsanperwerleriň hyýaly rowaýatynyň biderekdigine göz ýetirmek üçin şu ýumşy ýerine ýetir. Ýeremiýa Pygamberiň Kitabynyň 16-njy babynyň 20-21-nji aýatlaryny oka. Şol sözleriň ynsanperwerleriň hyýaly rowaýatyna näme dahyly bar? 37-nji mezmuryň 39-njy aýadyny oka. Okan zatlaryňyzyň esasynda, ynsanperwerleriň adam öz-özüni halas edýär diýen umydyna garaşýan geljek barada nähili netije çykarmak bolar? 36-njy mezmuryň 1-3-nji aýatlaryny oka. Bu sözleri ynsanperwerleriň öňe sürýän aň-düşünjelerine degişli etmek bolarmy? Nädip? 62-nji mezmuryň 1-3-nji aýatlaryny oka. Bu aýatlardaky «diňe» diýen sözleriň nähili manysy bar? Näme üçin bu söz gaýtalanýar? Bu aýatlary okanyňyzda, «meniň» diýen sözler duş gelende, olara basym düşüriň. Korintoslylara 1-nji hatyň 3-nji babynyň 11-nji aýadyny oka. Şu aýada laýyklyda, ynsanperwerlere nähili geljek garaşýar? 42. ÖÝDE GOWURAK Jenneti ýerde-de tapmagyň mümkindigi baradaky hyýaly rowaýat Belinda Karlaýl öňräk özüniň «Jenneti ýerde-de tapmak mümkin» diýen aýdymy bilen ilkinji ýigrimi aýdymyň arasynda başky ýeri eýeleýärdi. Erbet aýdymam däl, ýöne ylahyýet taýdan gaty erbet. Bu aýdymy aýdýan, elbetde, diňe ol däl. Ony başgalaryň ýerine ýetirmeginde-de eşidip görensiňiz. «Bilýäňmi, men näme pikir edýän?» (Sen özüň bilen bir awtobusda barýan gyzyň ýanynda oturan gaýyş penjekli ýigide diýýän sözlerini diňlemäge mejbur bolýarsyň.) «Jennet biziň içimizde ýerleşýär diýip pikir edýärin, bu janyň ýagdaýydyr diýip pikir edýärin. Sen näme?» Belki siz bu sözleriň garşydaş tarapyny eşitmeli bolansyňyz. «Eý, sen, men şeýle bir zatlary başymdan geçirdim welin, hatda dowzaham aňyrda galýar» diýip, endamyna iňňe bilen surat çekilen lopbuş adam ak öňlükli ýaş ýigide aýdýar. «Meniň başdan geçiren zatlarym bilen hiç hili dowzah deňeşip bilmez» diýip,ol ýanyndaky gazyga ýumrugy bilen güýçli urýar. Siz näme diýmeli? Bu hyýaly rowaýat. Hawa, hakykatdanam, käwagt adamyň paýyna şeýle bir bagt düşýär welin, hatda nämäniň gowurakdygyny saýgarmak hem kyn bolýar. Käwagt durmuşymyzda şeýle elhenç wakalar bolýar, olar şeýle bir agyryly bolýar welin, göwnümize dowzahda-da mundan erbet bolup bilmejek ýaly bolup görünýändigi-de hakykat. Şeýle-de bolsa, Mukades Kitapda hakyky behişdiň, hakyky dowzahyň bardygy aýdyň aýdylýar. Isa Özüniň yzyna eýerýänlere şeýle diýdi: Atamyň öýünde mesgenler köpdür…Men size ýer taýýarlamaga barýaryn. Ýahýa 14:2 Şeýle hem, Ol adamlardan arwahlary kowup bilýändiklerine begenen şägirtleri bilen gürrüň edende, jennetiň barmaga jan edilýän ýerdigini ýa-da ýagdaýdygyny aýdyň düşündirdi: Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň göklerde ýazylmagyna begeniň. Luka 10:20 Garrylyk ýaşynda bolan Ýahýa Mukaddes Kitabyň soňky kitaby Ylhamda özüniň jenneti we geljegi gören görnüşinde jennet barada käbir zatlary habar berýär. Ol jennedi Hudaýyň barlygynda «…ne ölümiň, ne ýasyň, ne agynyň, ne-de agyrynyň…» boljak, «…bendeleriniň Oňa gulluk etjek , Onuň ýüzüni görjek, …olaryň ebedilik höküm sürjek» (Ylham 21:4; 22:3–5) ýeri hökmünde suratlandyrýar. Jennet ýerde-de bolup biler diýip pikir edýän awtobusdaky gyza Mukaddes Kitabyň sözleri bilen: «Siz entek hiç zadam görmediňiz!» diýmek bolar. Şeýle hem Hudaýyň sözünde geljekde günälilere «dowzah» ady bilen belli bolan şol ýerde (ýa-da ýagdaýda) jezanyň garaşýandygy açyk aýdylýar. Isa: «…solundakylara: “Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň”» (Matta 25:41) diýjek wagty hakda göni aýtdy. Şeýle hem Ýahýa özüniň görnüşinde toba etmedik günäkärlere jezanyň garaşýandygyny aýdyp, şeýle diýýär: «...gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoruň, zynagäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur» (Ylham 21:8). Bu gaty gynandyryjy zat. Öňki lopbuş adama hem siz Mukkaddes Kitabyň sözleri bilen: «Siz entek hiç zadam göreňzok!» diýmek mümkin. Aslynda Mukaddes Kitapda dowzah barada köp zat aýdylan, onuň iň gaýgyly reňkler bilen berlen suratlandyrylyşyna hem köp gezek gabat gelmek bolar. Bu duýduryş tormozlary işlemän, kert ýapgytdan aşaklygyna tizlik bilen gaýdan ýük maşynynyň berýän çirkin düýdüldisine meňzeýär. Gynansak-da, Mukaddes Kitabyň dowzaha düşjeklere garaşýan zatlar baradaky berýän duýduryşlaryna hemme kişi seretmelisi ýaly ünsli seretmeýär. Behişt babatdaky berlen wada hem hemmeler gulak asmaýar.Ýöne biz Ýewreýlere hatda aýdylyşy ýaly, «Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris. Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söze gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa, onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nahili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa, ony bize tassykladylar» (Ýewr. 2:1–3). Özüň göz ýetir Jenneti ýerde-de tapyp bolýandygy baradaky hyýaly rowaýatyň biderekdigine göz ýetirmek üçin bu ýumşy ýerine ýetir. Ýazgylardan aşakdaky aýatlary oka. Ýörite goýlan setirlere behişt barada aýdýan dört wagyzçynyň ýa-da ýazyjynyň adyny ýaz: 1. Matta 6:20 _____________________________________ 2. 2 Korint. 5:1 ____________________________________ 3. 2 Petr. 3:13 _____________________________________ 4. Ylham 19:11 ____________________________________ Indi bolsa, dowzah barada aýdanlaryň atlaryny ýaz: 5. Matta 23:33 _____________________________________ 6. 2 Petr. 2:4 _______________________________________ 7. Ylham 20:13–15 __________________________________ (Jogaplar: 1. Isa; 2. Pawlus; 3. Petrus; 4. Ýahýa; 5. Isa; 6. Petrus; 7. Ýahýa)