«Merhemetiň nesil şejeresi» atly romanlaryň toplumy — Hudaý tarapyndan saýlanan bäş aýallar barada ýazylan bäş romandan ybaratdyr. Dünýäniň Halasgäriniň dogulmagyndaky Hudaýyň niýetinde wajyp roly oýnamaklyk bu aýallaryň her birine Hudaý tarapyn bellenilipdi. Olaryň her birleri çykgynsyz ýagdaýa, hatda gybatly ýagdaýlara düşüpdiler. Olaryň her birleri özleriniň ykballaryny amala aşyrjak bolup, öz janlaryny howp astyna saldylar. Gadym döwürlerde ýaşap geçen bu aýallaryň taryhyny awtor şu kitaplarynda täzeden gürrüň berýär.
Fransin Riwers
MERHEMETIŇ NESIL ŞEJERESI
Giriş
Gadyrly okyjy!
Atlary Isa Mesihiň nesil şejeresine giren aýallar baradaky ýazylan romanlaryň birinjisi siziň eliňizde. Bular gadym asyrlarda ýaşan gündogar aýallarydyrlar, ýöne muňa seretmezden, olaryň durmuşlarynyň taryhy biziň durmuşymyza gabat gelýändir. Olaryň taryhy biziň şu günler hem duş gelýän kynçylyklarymyzy çözmäge ýardam berýär. Olar edil ýiti pyçagyň üstünden ýöräp geçen aýallar kimindirler. Olar gerek bolanynda edermenlik edip, käwagtlar bolsa, ýalňyşlyklar, uly ýalňyşlyklar hem edipdiler. Bu aýallar kämil däldiler, ýöne Hudaý dünýäniň Halasgäri bolan Isa Mesihiň dogulmagy babatdaky niýetinde Öz rehimi bilen olary ulandy.
Biz lapykeçli, agyr döwürlerde ýaşaýandyrys, millionlarça adamlar bolsa, durmuşda öz ýollaryny tapmaga synanyşýandyrlar. Hut şu wagt bu aýallaryň durmuş taryhlary bize dogry ýol görkezip biler. Bu aýallaryň durmuşlarynyň taryhyndan alnyp bilinjek sapaklar müňlerçe ýyl ozalkysy ýaly, şu gün hem peýdaly bolup biler.
Tamar — umyt aýaly.
Rahaw[1] — ynam aýaly.
Rut — söýgi aýaly.
Betşeba — merhemete eýe bolan aýal.
Merýem — sadyk aýal.
Bu aýallaryň bary — Gündogar ýurtlarynda birwagtlar ýaşan taryhy şahsyýetlerdir. Olaryň taryhlary men tarapdan Mukaddes Kitaplar esasynda ýazyldy. Olaryň käbir hereketleri biziň üçin geň görünmegi-de mümkindir, ýöne biz olara bu aýallaryň ýaşan döwürlerini göz öňünde tutup seretmelidiris.
Bu kitap taryhy roman žanrynda ýazylandyr. Gürrüňleriň esasy men tarapdan Mukaddes Kitapdan alnandyr we men Ol kitabyň berýän maglumatlaryndan ugur aldym. Şu esasa görä men gürrüň düzdüm, käbir ýagdaýlarda bolsa, meniň pikirimçe, Mukaddes Kitabyň gürrüňlerine laýyk gelýän goşmaça häsiýetleri oýlap tapdym.
Merhemetiň nesil şejeresi
Ybraýymyň ogly bolan Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejeresi.
Ybraýym Yshagyň atasydy. Yshak Ýakubyň atasydy. Ýakup Iuda we onuň doganlarynyň atasydy.
Iuda
Ram Aminadabyň atasydy. Aminadap Nahşonyň atasydy. Nahşon Salmonyň atasydy.
Salmon
Ýesse Dawut patyşanyň atasydy. Dawut Uriýanyň aýalyndan (
Süleýman Rehawamyň atasydy. Rehawam Abiýanyň atasydy. Abiýa Asanyň atasydy.
Asa Ýehoşafatyň atasydy. Ýehoşafat Ýoramyň atasydy. Ýoram Uziýanyň atasydy.
Uziýa Ýotamyň atasydy. Ýotam Ahazyň atasydy. Ahaz Hizkiýanyň atasady.
Hizkiýa Manaşäniň atasydy. Manaşe Amonyň atasydy. Amon Ýoşiýanyň atasydy.
Ýoşiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.
Ýehoniýa Babyl sürgüninden soň doglan Şealtiýeliň atasydy. Şealtiýel Zerubabeliň atasydy.
Zerubabel Abihudyň atasydy. Abihud Elýakimiň atasydy. Elýakim Azoryň atasydy.
Azor Sadokyň atasydy. Sadok Ahimiň atasydy. Ahim Elihudyň atasydy.
Elihud Eliýazaryň atasydy. Eliýazar Mattanyň atasydy. Mattan Ýakubyň atasydy.
Ýakup
TAMAR
Ýapynjasyz
Wakanyň bolup geçen ýeri we wagty
Gelip Ҫykyş kitaby (37:1–38:6)
Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdunda — Kenganda ýaşaýardy. Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup — öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile goýun bakýardy. Ýusup doganlarynyň erbet etmişlerini kakasyna şugullaýardy. Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa oňat bezelen don tikipdi. Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has gowy görýändigini gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we olaryň Ýusup bilen sözleri alyşmazdy.
Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler. Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle bir düýş gördüm. Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa, onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler». Doganlary Ýusuba: «Be, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, biziň hojaýynymyz bolaýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby, düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda gün, aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi. Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Be, men, ejeň, doganlaryň — hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi. Şeýdip, doganlary Ýusuba gabanjaňlyk edýärdiler, emma bu sözler kakasy Ýakuby oýa batyrdy.
Bir gün, Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, mallar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron jülgesiniň içi bilen ugratdy.
Ýusup Şekeme geldi. Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip, sorady. Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarlar?» diýip, sorady. Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: «Dotana gideliň» diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ol ýakynlaşmanka, olar ony öldürmegiň kastyna çykdylar. Olar bir-birlerine: «Hanha, düýş görgüç gelýär. Geliň, ony öldürip, şu suwsuz howuzlaryň birine taşlalyň-da, ony bir ýabany haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn çykaýarmyka!» diýişdiler.
Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy. Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne onuň ganyna galaýmaň!» diýdi. Şeýdip, Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki ýeňli donuny sypyrdylar-da, Ýusuby suwsuz, boş howza taşladylar.
Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan bir ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar hem-de şepbik ýüklenipdir. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlugymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?! Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň jan ýaly doganymyz ahyry» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar. Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä, ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa, Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. Ruben guýa gaýdyp gelip, ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ol ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi. Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna batyrdylar. Olar Ýusubyň ýeňli donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler. Ýakup dony tanap: «Bu meniň oglumyň dony! Ony bir ýabany haýwan iýendir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanan bolmaly» diýdi. Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. Ýakubyň ähli ogullarydyr-gyzlary gelip, ony köşeşdirjek boldular, emma olar ony köşeşdirip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen o dünýädäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde, patyşanyň janpenalarynyň baştutany Potypara satypdylar.
Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde mesgen tutdy. Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganlynyň gyzy bilen tanyşyp, oňa öýlendi. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy. Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy. Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi.
Birinji bap
Ýahudanyň owadan haly we haltalar ýüklenen eşegini idip barýandygyny göreninde, Tamar özüniň kätmenini eline alyp, atasynyň melleginiň beýleki çetine tarap ylgady. Tamary gorky basdy we ol Ýahuda gapdalymdan geçip gidip, ogly üçin başga bir gyzy tapmazmyka diýen umyt bilen, öz jaýyna seretmän işleýärdi. Enekesi çagyranda bolsa, ol özüni eşitmezlige urup, ýeri öňküsinden-de batly kätmenleýärdi we gözýaşlary zerarly hiç zat görenokdy.
— Tamar! — diýip, ylgap gelen Akja zordan demini alýardy. — Sen Ýahudany görmediňmi näme? Häziriň özünde sen meniň bilen öýe barmalysyň. Ejeň seniň yzyňdan doganlaryňy ibermekçi bolýar, seniň eglenşiň bolsa olara ýaramaz. — Akja ýüz-gözüni aýnatdy. — Balam, maňa beýle seretme. Bu meniň oýlap tapan zadym däl. Seniň özüň Müsüre bazara gatnaýan täjir ysmaýyllaryň birine durmuşa çykjakdyňmy?
— Sen hem men ýaly Ýahudanyň ogly baradaky gürrüňleri eşitdiň.
— Hawa, eşitdim. — Akja onuň elinden tutdy we Tamar göwünsizlik bilen elindäki kätmenini taşlady. — Belki-de, ol seniň pikir edişiň ýaly erbet däldir.
Emma Tamar enekesiniň gözlerinde uly şübheleri gördi.
Tamaryň ejesi olary garşylap, gyzynyň elinden tutdy.
— Eger meniň wagtym bolsady, onda gaçyp gideniň üçin seniň temmiňi bererdim!
Ol Tamary jaýyň aýallar otagyna girizdi.
Tamar bosaga aýak basan dessine uýalarynyň eline düşdi we olar onuň eşiklerini çykaryşdyryp başladylar. Olaryň biri onuň kellesinden ýaglygyny seresapsyzlyk bilen çekende, saçlarynyň hem gopup agyrmasyndan ýaňa Tamaryň demi tutuldy.
— Besdir!
Uýalaryny aýyrjak bolup elini göterdi, emma şol pursat onuň ejesi ara goşuldy.
— Ýuwaşja dur, Tamar! Akja seni kän gözledi, indi bolsa, biz howlukmalydyrys.
Gyzlaryň bary sabyrsyzlyk bilen batly gürleýärdiler.
— Enejan, şu köýnegi geýmäge maňa rugsat ber!
— Mellekde işlän köýnegiňimi? Ýok! Biz seni Ýahuda oňat edip görkezeris. Tamar, gözýaşlaryň bilen bizi masgara etme.
Sandyrap durşuna Tamar zordan özüni ele aldy. Onuň ejesine we uýalaryna boýun bolmakdan başga alajy ýokdy. Olar Tamary ýewreý Ýahuda görkezmek üçin oňa iň oňat geýimleri geýdirip, hoşboý yslar sepişdirdiler. Ýahudanyň üç ogly bardy. Eger Tamar Ýahudanyň göwnünden tursa, onda ol onuň nowbahar ogly Eriň aýaly bolmalydy. Soňky gezek hasyl ýygnanlarynda, Ýahuda öz ogullary bilen sürülerini hasyly ýygnalan meýdana getiripdiler we şonda Tamaryň atasy onuň Ýahuda ýakynrak baryp işlemegini buýrupdy. Tamar atasynyň niýetine düşünipdi. Ine-de, indi ol öz niýetine ýeten ýalydy.
— Enejan, haýyş edýän, maňa ýene-de bir-iki ýyl gerek… Men häzir maşgala gurmaga taýyn däldirin…
— Seniň haçan muňa taýyn boljakdygyňy kakaň çözer. — Ejesi onuň gözüne seretmek islemedi. — Onuň kararlarynyň dogrudygyna şübhelenmäge seniň hakyň ýokdur.
Uýalary alahekekler kimin jakgyldadylar welin, Tamar tas gygyrypdy. Ejesi elini şarpyldatdy:
— Besdir! Tamary taýýarlamaga maňa kömek ediň!
Tamar dişlerini gyjap, gözlerini ýumdy. Ol ykbala boýun bolmaklygy çözdi. Özüniň haçan-da bolsa, bir wagt durmuşa çykjakdygyny bilýärdi. Şeýle-de ol özi üçin äri kakasynyň saýlajakdygyny hem bilýärdi. Tamar üçin eke-täk rahatlanma — bu dokuz aýlyk möhletli adaglamady. Hiç bolmanda öňünde peýda bolan näbelli durmuşa öz aňyny we ýüregini taýýarlamaga onda biraz wagt bolardy.
Akja oňa elini degirdi.
— Köşeşsene! — Ol Tamaryň saçlaryny birin-birin darap başlady. — Mähribanym, oňat zatlar barada oýlan.
Tamar özüni kakasynyň satjak bolýan haýwany ýaly duýýardy. Wah, bu şeýle dälmi ahyry? Onuň ýüregini öýke we umytsyzlyk doldurdy. Näme üçin onuň ykbaly şeýle adalatsyz?
— Petra, atyr yslary getir we onuň tenine çal. Ondan meýdanda işleýän guluň yslary gelmeli däldir.
— Eger ondan geçileriň ýa-da owlaklaryň yslary gelse gowy bolardy, — diýip Akja aýtdy. — Ýewreýe bu ýarardy.
Ejesiniň gykylygyna seretmezden, gyzlar gülüşdiler: «Seniň boş sözleriňden hiç kime-de ýeňil bolmaz, Akja. Indi baryňyz sesiňizi kesiň!»
Tamar ejesiniň köýneginden ýapyşdy.
— Enejan, haýyş edýän. Meniň üçin kakamyň öňünde söz aýdyp bilmersiňmi? Bu ýigit... zalym ahyry! — Gyzjagaz gözüniň ýaşlaryny saklap bilmedi. — Haýyş edýän, men Ýahudanyň ogly Ere durmuşa çykmak islemeýärin.
Enäniň dodaklary titredi, emma ol berk durdy. Ol Tamaryň ellerini öz köýneginden zordan aýyrdy-da, olary berk gysdy.
— Tamar, kakaň niýetini meniň üýtgedip bilmeýändigimi sen gowy bilýäň. Meniň bu nika garşy çykanym bilen hiç bir oňat zat gazanmarys. Tersine, men diňe biziň barymyzy masgaralaryn. Ýahuda eýýäm şu taýda.
Tamar möňňürip aglamaga başlady. Bütin bedenini gorky eýeläpdi.
Ejesi ony turuzyp, başyny dik tutmaklyga mejbur etdi.
— Men seni şu güne taýýarladym. Eger sen Ere durmuşa çykmasaň, onda biziň üçin biderek bolarsyň. Munuň näme üçin edilýändigine düşünäý! Bu seniň kakaň öýüniň asudalygy üçin edilýändir. Sen Zimran bilen Ýahudanyň arasynda köpri gurarsyň. Biz parahatçylykda ýaşarys.
— Enejan, biz olardan köplük ahyryn!
— Bu wajyp däl. Sen indi çaga dälsiň, Tamar. Sende eýýäm ýeterlik edermenlik bar.
— Kakamyňkydan-da köpmi?
Ejesiniň gözleri gahardan ýaňa garalypdy. Ol bada-bat Tamary itekledi.
— Sen aýdylyşy ýaly edersiň ýa-da gulak asmazlygyň üçin temmiňi alarsyň!
Ýeňlendigini duýan Tamar sesini çykarmady. Onuň edenleriniň bary — bu diňe özüni kemsitmäge ýol berendigi boldy. Uýalarynyň gybatlaryny bes etdirjek bolup, olaryň üstüne gygyrmak isledi. Nädip olar onuň betbagtçylygyna şatlanyp bilýärler? Er owadan bolanynda näme? Olar onuň rehimsizligi barada eşitmedilermi näme? Olar onuň neneňsi tekepbirdigini bilmeýärlermi näme? Aýdyşlaryna görä, Er baran ýerinde bela tapýarmyş.
— Akja, gabaklaryny köpräk boýa. Şeýtseň ol ulurak görner.
Tamar ýüreginiň dürküldäp urşuny rahatlandyryp bilmeýärdi. Elleriniň aýalary öldi. Eger bar zatlar kakasynyň niýeti boýunça amala aşsa, onda Tamaryň geljegi şu gün kesgitlenmeli.
«Bularyň bary kakamyň öýüniň asudalygy üçin, — diýip, Tamar öz-özüne aýtdy, — onuň asudalygy üçin». Onuň gözýaşlary bokurdagyna geldi.
— Saklan, Tamar, — diýip ejesi aýtdy. — Hany, ýene bir gezek bakaýyn saňa!
Tamar boýun boldy. Ejesi uludan demini aldy we gyzyl köýnegiň epinini düzedişdirdi.
— Akja, biz tegelek däl ýerlerini gizlemeli bolarys. Bolmasa onuň göwreli bolar ýaly ýaşynyň ýetendigini Ýahuda subut etmek Zimran üçin kyn bolar.
— Men onuň köýnegini görkezip bilerin, hanym.
— Bolýar. Birden gerek bolanda görkezer ýaly ony taýyn edip goý.
Özüniň ýüzünde utanç reňkleriniň peýda bolandygyny Tamar duýdy. Hiç bir gizlin zat ýokmuka? Bar zat barada gürrüň etmelimikä? Hatda durmuşyň içgin syrlaryny-da açmalymyka? Ilkinji gany onuň aýallyga ýetişenligi barada güwälik edýärdi we kakasy Ýahuda bilen gürrüňinde ony öz peýdasy üçin ulanyp bilerdi. Tamar satylmak üçin harytdy, iki taýpanyň birlik baglaşýan guralydy, berk parahatlygyň pidasydy. Ol bir-iki ýylyň içinde özüne üns bermezler diýip umyt edýärdi. On dört ýaş — bu erkekleriň ünsüni çeker ýaly gaty kiçi ýaş.
«Bularyň bary kakamyň öýüniň asudalygy üçin», — diýip, Tamar ýene-de öz-özüne aýtdy. Hatda kellesinde başga pikirler aýlanýarka, hatda bütin tenini gorky gabanynda-da, ol öz-özüni yrjak bolup: «Bularyň bary kakamyň öýüniň asudalygy üçin» diýip gaýtalaýardy.
Eger-de ol bu gürrüňleri eşitmedik bolsady...
Tamaryň özüni bilýäninden bäri, onuň kakasy Ýahudadan we onuň halkyndan gorkýardy. Ol ýewreýleriň Hudaýynyň güýji baradaky gürrüňleri: Onuň Sodom we Gomora şäherlerini otly kükürt bilen weýran edip, olaryň deregine ak çägeli çöli we Duzly derýasyny goýandygyny eşidipdi. Kengan hudaýlyklarynyň ýekejesi-de şeýle güýje eýe däldiler.
Ýewreýleriň Şekem şäheri bilen eden işleri barada hem gürrüň edýärdiler.
— Enejan, näme üçin hökman şeýle bolmaly? Men öz geljegimi özüm saýlap bilmeýärinmi, näme?
— Sen beýleki gyzlardan artyk dälsiň. Şu wagt seniň başdan geçirýänleriňi men bilýärin. Kakaň öýüne gelenimde, men hem senden uly däldim. Dünýä şeýle gurlan, Tamar. Heniz kiçijik gyzkaň, men seni şu güne taýýarlamadymmy ahyry? Hut şunuň üçin doglandygyňy men saňa aýdypdym. Ykbalyň bilen göreşmek — bu ýel bilen göreşmek ýalydyr. — Ol Tamaryň egnini gysdy. — Mähriban gyzym bol-da, maňa gulak goý. Boýun bol we şonda sen hormata eýe bolarsyň. Eger bagtyň gelse, onda äriň seni söýer. Eger birden beýle bolaýmasa, onda seniň geljegiň ogullaryň elleri bilen berk goragly bolar. Garranyňda bolsa, doganlaryň men barada alada edişleri kimin seniň ogullaryň hem şeýle ederler. Bu dünýäde aýalyň ýeke-täk şatlygy — bu onuň öz adamsy üçin ojak gurandygyny bilmekligidir.
— Emma bu Ýahudanyň ogly Er ahyry, eje!
Ejesiniň gözleri ulaldy, emma ol berk saklandy.
— Öz borjuňy ýerine ýetirip, ogul dogurmaklygyň usulyny tap. Tamar, sen güýçli bolmalysyň. Bu adamlar gaty gyzgyn we tekepbirdirler.
Tamar ýüzüni öwürdi.
— Men Ere durmuşa çykmak islemeýärin. Men başarmaryn...
Ejesi onuň saçyndan tutup, şeýle güýç bilen çekdi welin, gyzjagazyň kellesi aýlanyp gitdi.
— Sen bu ýewreý adamyň mertebesini kiçeldip, biziň maşgalamyza bela getirmek isleýärsiňmi? Eger kakaň otagyna girip, seni Er bilen nikadan azat etmekligi ondan haýyş edeniňden soň, ol seni ýaşadar öýdýäňmi? Seniň pikiriňçe, Ýahuda bu urga ýeňillik bilen çydarmy? Ine, men saňa näme diýýärin. Eger sen meniň ogullarymyň durmuşyny howp astyna salsaň, onda men kakaň bilen seni daşlap öldürerin. Eşidýäňmi meni? Seniň haçan we kime durmuşa çykmalydygyňy kakaň çözýändir. Sen däl! — Ol Tamary gahar bilen itdi-de, güýçli tolgunma bilen daşary çykdy. — Beýle bolgusyz zady etme!
Tamar gözüni ýumdy. Otagy ümsümlik gabady. Uýalarynyň we enekesiniň özüne seredýändiklerini ol duýýardy.
— Bagyşla, — onuň dodaklary titredi. — Bagyşla. Näme etmeli bolsam, ederin.
— Biziň ählimiz ýaly. — Uludan demini alyp, ejesi Tamaryň elinden tutdy we oňa hoşboý ysly ýag çaldy. — Tamar, ýylan kimin akylly bol. Saňa üns bermekligi bilen Ýahuda özüni akylly adam hökmünde görkezdi. Sen güýçlüsiň, beýlekilerden-de güýçlüsiň. Heniz muny bilmeýändigiňe seretmezden, sen pähimli we güýçlüsiň. Bu ýewreý seniň bilen gyzyklandy. Biziň hemmämiz üçin sen oňa ýaramalysyň. Onuň ogly üçin gadyrly aýal bol. Biziň tirelerimiziň arasynda köpri gur. Biziň aramyzda parahatçylygy gora.
Üstüne goýlan jogapkärçiligiň agramyndan Tamaryň kellesi aşak egildi.
— Men synanyşaryn.
— Sen ýöne synanyşmarsyň. Sen muny amala aşyrarsyň. — Ejesi egildi-de, onuň ýaňagyndan ogşady. — Indi bolsa, ýuwaşja otur we taýyn bol, men bolsa seniň taýyndygyň barada kakaňa aýdaýyn.
Tamar ýuwaşlyk bilen oýlanmaga synanyşdy. Ýahuda Ýakubyň ogullarynyň biridi. Gyz doganynyň zorlanandygy zerarly Ýahuda öz doganlary bilen Şekem şäherini çym-pytrak edipdi. Eger Hamoryň ogly bu adamlary gowy bilen bolsady, belki-de ol şol gyza el degirmezdi. Jenaýat edeninden soň, ol Ýakubyň ogullary bilen ýaraşmak üçin elinden gelenini etdi, emma olar gan dökülmegini islediler. Şekemiň begi ýewreý adaty boýunça şäheriň her bir erkeginiň sünnet edilmelidigi baradaky karary kabul edipdi. Olar iki taýpalaryň arasynda nika baglaşylyp, parahatçylykda ýaşamaklary üçin bar zada taýyndylar. Olar ýewreýleriň aýdanlarynyň baryny ýerine ýetirdiler. Emma muňa seretmezden, ähli erkekleriň sünnetlenenden üç gün geçenden soň, heniz olar sünnetiň yzasyny çekýän wagtlarynda, Ýahuda öz doganlary bilen olardan ar alypdy. Olar ýöne jenaýatçynyň gany bilen kanagatlanman, ähli erkekleri gylyç bilen öldürdiler. Olaryň hiç biri halas bolmady, Şekem şäheri bolsa talanypdy.
Ýewreýler kenganlylaryň burunlary üçin porsy ysdylar. Olaryň peýda bolmaklary kenganlylarda gorkyny we şübhelenmäni döredýärdi. Ýahudanyň atasynyň öýüni taşlap, Tamaryň halkynyň arasynda ýaşamaga gelendigine seretmezden, şeýle goňşy zerarly Tamaryň kakasy arkaýyn ýatyp bilmeýärdi. Ýahudanyň adullamly Hira bilen uzak wagtdan bäri dostlugy-da, onuň kakasyny rahat goýmaýardy. Şeýle-de, Ýahudanyň özi kenganly aýala öýlenipdi we onuň aýaly üç ogul dogrup, olary kengan halkynyň adatlary boýunça terbiýeläpdi. Şeýle bolsa-da, bularyň hiç hili manysy ýokdy. Ýahuda ýewreýdi. Ýahuda kesekidi. Ýahuda Zimranyň böwründäki tikendi.
Birnäçe ýyllaryň içinde Tamaryň kakasy Ýahuda bilen özüniň meýdanlarynda onuň sürüleriniň bakmaklygy barada şertnamalar baglaşypdy. Şertnamalar iki tarap üçin hem amatlydy we olar öz aralarynda wagtlaýyn birlik baglaşypdylar. Tamar kakasynyň soňky ýyllaryň içinde ýewreýler bilen parahatçylygy saklamagyň iň oňat usullaryny gözleýändigini bilýärdi. Eger Tamar Ýahudanyň we onuň ogullarynyň göwnünden turup bilsedi, onda Er bilen nika bu parahatçylygy üpjün edip bilerdi.
Hawa, Tamar özüniň Ere aýallyga berilmekliginiň asyl manysyna düşündi. Ol kakasynyň parahatçylyga bolan islegine düşündi. Şeýle-de, ol bularyň ählisindäki özüniň ornuna hem düşünýärdi. Emma bu düşünjeler ony hiç-de rahatlandyrmaýardylar. Ahyrynda ony guzy kimin gurbanlyk hökmünde getirýärdiler. Durmuşa çykmalymy ýa-da ýok diýen saýlaw onda ýokdy. Onda kime durmuşa barmalydygy barasynda hem saýlaw ýokdy. Onda diňe öz ykbalyny nädip garşy almalydygy baradaky saýlaw bardy.
Ejesi dolanyp gelende, Tamar eýýäm taýyndy. Ol ejesine baş egende, öz duýgularyny bildirmedi. Tamar kellesini galdyrdy, ejesi bolsa, ellerini onuň üstüne goýup, pata beren bolup pyşyrdady. Onsoň ol Tamaryň alkymyna ýeňilje elini degirdi.
— Durmuş — bu kyn zat, Tamar. Men muny senden-de gowy bilýärin. Her bir gyz ýaş çagynda söýgi barada arzuw edýär, emma bu boş arzuwlar däl-de, durmuşdyr. Eger sen biziň iň uly gyzymyz bolan bolsadyň, onda seni uýaň deregine Timnadaky ybadathana ibererdik.
— Men ol ýerde bagtly bolmazdym.
Dogrudan-da, ol uýasynyň durmuşy bilen ýaşanyndan öz elinden ölenini gowy saýardy.
— Şeýlelik bilen bu seniň etmeli işiň ýekejesi, Tamar. Boýun bol!
Şeýle etmeklige doly taýyn bolup, Tamar ýerinden turdy. Ol ejesiniň yzy bilen aýallaryň otagyndan çykanda, titremesini ýeňmäge synanyşýardy. Onuň heniz gaty ýaşdygyny Ýahuda aýdyp bilerdi. Şeýle-de, ol onuň gaty hor, gaty betnyşandygyny hem aýdyp bilerdi. Belki-de, ol Er bilen nika gurmaklykdan azat bolup biler! Emma näme bolsa-da, bu hiç zady üýtgetmeýär.
Hakykat juda rehimsiz zat. Tamar durmuşa çykmaly, çünki ärsiz we ogulsyz aýalyň durmuşy ölüme barabardyr.
* * *
Zimranyň gyzy otaga girende, Ýahuda oňa gaty üns berip seretdi. Ol uzyndy, inçe billidi we gaty ýaşdy. Ol ajaýypdy we mertebelidi. Ejesi bilen nahar getirendäki hereketleri Ýahudanyň göwnünden turdy. Geçen gezek hasyldan soň ol Zimrany görmäge gelende, Tamaryň ýetginjeklik näzikligine üns beripdi. Şonda Ýahuda we onuň ogullary görerleri ýaly Zimran Tamary olaryň sürülerine ýakynrakda işlemäge goýupdy. Zimranyň şeýdip öz gyzyny görme-görşe goýmaklygynyň maksadyna Ýahuda gowy düşünýärdi. Indi bolsa üns berip seredende, nika gurmaklyk üçin gyzjagaz gaty ýaş göründi. Ol Şeladan hem uly däldi we Ýahuda bu barada Zimrana aýtdy. Ol öz gezeginde güldi-de:
— Elbetde, ol ýaş, emma bu gaty gowudyr. Ulusyna seredenden ýaş gyz has ýumşakdyr. Şeýle dälmi? Seniň ogluň onuň üçin hudaý we mugallym bolar.
— Çagalar näme?
Zimran ýene-de güldi. Onuň gülküsi Ýahuda ýaramady.
— Dostum Ýahuda, ynanaý, ogul dograr ýaly Tamar ýaşyna ýetendir we geçen gezek hasyl ýygnalanda-da, Er ony görende-de ol şeýledi. Bizde munuň subutnamasy hem bar.
Gyzjagaz kakasyna tarap seretdi. Ol utanjyndan özüne ýer tapanokdy. Gyzyň sadalygyna haýran galan Ýahuda ony aç-açan öwrenýärdi.
— Ýakynrak gelsene, gyzjagaz, — diýip ol seslendi.
Ýahuda Tamaryň gözlerine seretjek boldy. Belki-de, her gezek nika barada pikir edende, näme üçin Tamary göz öňüne getirýändigi şu wagt anyk bolar.
— Çekinme, Tamar, — diýip, Zimranyň ýumşak sesi eşidildi. — Goý, seniň nähili owadandygyňy Ýahuda görsün.
Tamar kellesini galdyranda, Zimran kellesini yrdy.
— Hut şeýle. Ýylgyraý, Ýahuda seniň owadan dişleriňi-de görsün.
Olaryň owadan bolandygyna seretmezden, Ýahudany onuň ýylgyrşy we dişleri gyzyklandyrmady. Onuň üçin Tamaryň dogup bilmeklik ukyby wajypdy. Elbetde, heniz onuň ogluna durmuşa çykanyna deňeç, Tamaryň ogul dogurmaklyk ukybyny bilmeklige münkinçilik ýokdy. Durmuş kepillendirme bermeýär.
Muňa seretmezden, gyz oňat we öndümli maşgaladandyr. Onuň ejesi alty ogul we bäş gyz dogurdy. Tamar hem güýçli bolmaly, eýsem Ýahuda onuň gaty ýeri kätmenleýşini we daşlary göterişini görüpdi. Gowşak gyz öýde oturyp, tikin tikerdi ýa-da küýzegärçilik bilen meşgul bolardy.
— Tamar, — diýip, kakasy ony üm bilen çagyrdy. — Ýahudanyň öňünde dyzyňa çöküp, baş eg. Goý, ol saňa oňatja seretsin.
Tamar sessiz-üýnsüz boýun boldy. Onuň gözleri gap-garady, emma gazaply däldi we arassa bedeni onuň sagdynlygy barada güwä geçýärdi. Beýle gyz Eriň daş ýüregini eredip, onuň ýaman ýollaryny taşlamaga mejbur ederdi. Eger bu gyzda Eriň hormatyna eýe bolar ýaly edermenlik bar bolsa, onda Ýahuda muňa haýran galardy. Zimran gorkakdy. Tamar näme? Ýöremeklige öwrenenden bäri Er gam-gussadan başga hiç bir oňat zat getirmedi. Tamara-da ol azar baryny berse gerek! Tamar güýçli we edermen bolmaly.
Eriň kesirliligini onuň atasynyň, ýagny özüniň üstüne ýüklemelidigini Ýahuda bilýärdi. Ol hiç haçan ogullaryna el göterilmegine aýalyna rugsat bermändi. Doly azatlyk olary güýçli we bagtly eder diýip ol oýlapdy. Wah, olar öz diýenlerini edenlerine deňeç bagtlydylar we beýlekilere azar bermeklikde güýçlüdiler. Olara gaty az temmi bererdiler. Şol sebäpli hem olar tekepbir we haýasyz bolup ulaldylar. Eger ol köpräk temmi beren bolsady, onda olar oňat bolardylar.
— Bu gyz Eri ýumşadyp bilermikä? Ýa-da ol gyzy gatadyp, ony bozarmyka?
Ýahuda Tamaryň gözlerine seredip, olarda arassalygy we akyly gördi. Ýahuda biraz howsala düşdi. Er onuň nowbahar ogludy we ol ilkinji bolup atasynyň biliniň güýjüni görkezdi. Ogly dogulanda Ýahuda gaty buýsanypdy we oňa uly umytlar baglapdy. Wah, ogly dogulanda ol: «Bu meniň öz süýegim, öz tenimdir» diýipdi ahyryn! Çagasynyň öz ejesine gulak asman, ýüzüni gyzardanda Ýahuda nädip gülüpdi! Oglunyň kesirligine ol gaty buýsanýardy. «Bu oglan güýçli ýigit bolar, — diýip, ol özüne aýdýardy. — Ýekeje aýal-da onuň nähili ýaşamalydygyny aýdap bilmez».
Oglunyň özüne-de boýun bolmajakdygyna Ýahuda garaşmandy.
Onan — Ýahudanyň ikinji ogly. Ol hem Er ýaly özboluşlydy. Uly doganyndan görelde alyp ulalypdy we mekirlikdir ýalan gep bilen özüni goramagy öwrenipdi. Olaryň haýsysynyň betdigini Ýahuda bilmeýärdi. Olaryň ikisi-de haýyndylar. Birine-de bil baglap bolmaýardy.
Üçinji ogly — Şela. Ol hem doganlarynyň göreldelerine eýerýärdi.
Ýahudanyň ogullary paş edilenlerinde bolsa, aldardylar ýa-da beýlekileri günäkärleýärdiler. Hakykata ýetjek bolup dyzanlarynda bolsa, olar ejelerine ýüz tutardylar we olaryň etmişleriniň näçe nejisdigine seretmezden, ejesi olary gorardy. Ejesiniň gopbamsylygy olaryň kemçiliklerine üns bermeklige ýol berdirmeýärdi. Olar onuň ogullarydy ahyryn we bar zatda kenganlylardylar.
Hökman bir zat etmelidi, çünki Er atasyny mazara masgaralap elterdi. Öýüni we durmuşyny dargadandyklary üçin Ýahuda ogullarynyň bardygyna gynanýardy. Şeýle pursatlar bolýardy welin, Ýahuda gaty gazaba münüp, elindäki peýkamy ogullarynyň birine gönükdiresi gelerdi.
Ýahuda öz atasy Ýakup barada we doganlary bilen özüniň oňa ýetiren gaýgysy barada kän oýlanýardy. Ýahuda hem öz atasyna azar beripdi. Er we Onan oňa öz doganlary Şimgon bilen Lewini ýatladýardylar. Doganlary baradaky pikirler agyr günäniň garaňky ýatlamalaryny direldýärdiler. Bu günä Ýahudany atasynyň öýünden kowupdy, çünki ol öz atasyna ýetiren gaýga seredip bilenokdy, şeýle-de, günäniň gatnaşyjylary bolan doganlary bilen bir öýde ýaşap bilenokdy.
Ýahudanyň kakasy Ýakup Dotanda bolan wakanyň hakykatynyň baryny bilmeýärdi.
Ýahuda özüni köşeşdirmäge synanyşýardy. Ol Şemgona we Lewä dogany Ýusuby öldürmäge ýol bermändi, şeýle dälmi? Emma hut Ýahudanyň özi ýaş ýigidi ysmaýylly täjirlere satmaklyga doganlaryny yrypdy. Ol oglanyň betbagtçylygyndan girew gazanypdy we ony doganlary bilen paýlaşypdy. Ýusubyň Müsüre bolan uzak we kyn syýahaty başyndan geçirip bilendigini ýa-da bilmändigini ýeke Hudaý bilýär. Belki-de, ol çölde aradan çykandyr. Ölen bolmasa-da, ol haýsydyr bir müsürliniň guly bolan bolsa gerek.
Käwagtlar gijäniň tüm garaňky sagatlarynda Ýahuda özüniň samanly düşeginde ukusyz ýatyp, Ýusup barada oýlanýardy. Ynsaby ony gününe goýmaýardy. Özüniň jenaýatly geçmişini ýadyndan çykararyna deňeç näçe ýyl geçerkä? Tä gözüni ýumup, dogany Ýusubyň daňylgy ellerini we täjirleriň onuň boýnuna ýüp atyp, güýç bilen äkidýändiklerini görüp bilmänine deňeç näçe ýyl geçerkä? Ýahudanyň kellesinde henize çenli doganynyň kömek baradaky sesleri ýaňlanýardy.
Günälerine ökünmekligi üçin oňa durmuş, şol günäleri bilen ýaşamaklygy üçin bolsa ýyllar berlipdi. Käwagtlar doganyny öldürmäge het edeni üçin Hudaýyň eliniň öz janyny aljak bolýandygyna Ýahuda ant içip bilerdi.
Zimran üsgürindi. Ýahuda özüniň nirededigini we näme maksat bilen kenganlynyň öýüne gelendigini ýadyna saldy. Ol öz pikirleriniň azaşmaklaryna, geçmişiň geljege aralaşyp, geljekde etmeli işleriň amala aşmagyna päsgel bermegine ýol bermeli däl. Oglunyň ünsüni haram we zalym pikirlerden sowar ýaly oňa ýaş, owadan we güýçli aýal gerek. Agzy berk ýumulan Ýahuda öňündäki dyza çöken gyzy synlaýardy. Ol ýene-de bir ýalňyşlyk etmeýärmikä? Özi kenganly aýala öýlenipdi we indi bolsa diňe bu barada ökünmek üçin ýaşaýar. Ine, ol öýüne ýene-de bir kenganlyny getirmek isleýär. Näme bolsa-da bu gyz oňa ýarady. Näme üçin?
Ýahuda gyzyň alkymyna elini degirdi. Ol gyzyň gorkýandygyny bildi. Şonda-da gyz gorkusyny gowy gizledi. Er barada gürrüň edilende, gyzyň bu häsiýeti gaty ýerlikli. Gyz gaty ýaşdy we mekir däldi... Onuň ogly gyzyň ýazyksyzlygyny bozup, beýlekiler bilen etmäge synanyşyşy ýaly muny hem azdyrmazmyka?
Gazaplanyp Ýahuda elini aýyrdy we yza çekildi. Ol Eriň atasynyň ýalňyşlygyny gaýtalamagyny islemeýär. Teniniň höwesi ony oglanyň ejesine öýlenmäge mejbur edipdi. Owadanlyk — bu erkegiň sagdyn pikiriniň bökdelmedik höwesler tarapyndan ýakylandaky düşýän duzaklarydyr. Nikada iň wajyp zat — bu aýalyň häsiýetidir. Eger däbe görä, özi üçin aýal tapmaklygy Ýahuda atasyna rugsat beren bolsady, onda oňat bolardy. Emma ol kesir we gyzgyndy. Indi bolsa özüniň akmaklygy zerarly ejir çekýärdi.
Aýalyň erkekde howes döredip bilmekligi ýeterlik däldir. Aýal güýçli we şol bir wagtyň özünde boýun bolmaklyga taýyn bolmaly. Kesir aýal — adamsy üçin gargyşdyr. Ýahuda islän aýalymy tabyn etdirerin diýip aýdan ýaş çagynyň özüne hetden aşa ynamlylygynda gülkünç görünýärdi. Munuň deregine onuň özi aýalyna tabyn boldy. Eger aýalyna azatlyk berip, islän kengan hudaýlyklaryna çokunmaga rugsat berse-de, hiç bir erbet zat bolmaz diýip ol öz-özüni aldady. Indi bolsa ol özüniň butparaz ogullarynyň bu ýalňyşlygyň miwelerini iýýändigini bilip galdy.
Tamar Ýahudanyň aýaly Berşeba seredende, has ahlaklydy. Tamar edermendi. Ol akylly görünýärdi. Ýahuda onuň güýçlüdigini bilýärdi, çünki ol Tamaryň agyr işlerde işleýändigini görüpdi. Berşeba muňa gaty begener. Elbetde, mümkin boldugyndan tizara Berşeba öýüň iň ýakymsyz borçlaryny Tamaryň üstüne ýüklejekdigi şebhesiz. Ýöne aýalyň iň wajyp mertebesi — bu çaga dogurmaklyk ukyby, emma bu ukyp barada wagtyň geçmegi bilen bilip bolar. Ýahudanyň gyzdaky gören oňat häsiýetleri ýeterlikden hem artykdy. Ýöne gyzda Ýahudanyň anyk kesgitleme berip bilmedik bir zady bardy. Bu gaty enaýydy we hut şol zat ony gyzy öýüne kabul etmeklige mejbur edýärdi. Edil ýuwaş bir ses hut şu gyzy saýlamalydygyny oňa aýdýan ýalydy.
— Ol maňa ýaraýar.
Zimran uludan demini alyp, ýeňilleşdi:
— Sen paýhasly adamsyň!
Ol gyzyna seredip, kellesini yrdy. Tamar otagdan çykmaklyga rugsat alyp, ýerinden turdy. Söwdany başlamaklyga kenganlyda sabyr galanokdy. Gyzyň ejesi bilen otagdan çykyşyna Ýahuda syn edýärdi. Zimran elini çarpdy we howlukmaçlyk bilen otaga iki hyzmatkär girdiler — biriniň elinde nar we üzüm bilen doldurylan jam, beýlekisinde bolsa, gowrulan goýun etinden edilen nahar bardy.
— Iýäý, dogan, onsoň gürleşeris.
Ýöne Ýahuda baş berýän adam däldi. Nahara elini degirmezden ozal ol gyzyň bahasyny hödürledi. Ýanyp duran gözleri bilen Zimran galyň söwdasyna başlady.
Ýanuda eli açyk bolmaklyk isledi. Bu nikanyň özüni bagtly etmeýänligine seretmezden, ol maşgalasynda tertibi saklamalydy. Belki-de, Er özüniň erbet gylyklaryndan el üzer. Galyberse-de, Ýahuda Zimranyň öýünden tizräk gitmekligi isleýärdi, çünki Zimranyň özüni betgelşik alyp barşy onuň ýüregine düşüpdi.
Adynyň wada berýän ähli häsiýetlerine gyz eýedir diýip, Ýahuda umyt edýärdi.
* * *
Tamar özüniň ykbalynyň çözgüdine garaşýardy. Gapynyň bosagasynda ejesi peýda boldy we Tamar ykbalynyň çözülendigine düşündi.
— Ýör gideliň, Tamar. Ýahudada seniň üçin sowgatlar bar.
Içi doňup galan Tamar ýerinden turdy. Bu gözýaşlaryň däl-de, şatlygyň wagtydy. Indi onuň kakasynyň gorkmaklygy gerek däldi.
— Gyzym!
Kakasy uludan ýylgyrdy. Onuň üçin oňat töleg alandygy mälimdi — şu wagta çenli ol gyzyny şeýle söýgi bilen gujaklamandy. Hatda ol onuň ýaňagyndan-da ogşady! Tamar kellesini galdyryp, Er ýaly adama özüni durmuşa çykarmaklygy bilen onuň näme edýändigini düşündirjek bolup, kakasynyň gözlerine seretdi. Belki-de, gyzyny özüniň howpsuzlygynyň serişdesi hökmünde ulanýandygy üçin ol utanar.
Ol gyzyna düşünmedi.
— Gaýyn ataňa baş eg.
Ykbala boýun bolup, Tamar Ýahudanyň öňünde dyza çökdi. Ol onuň kellesine elini goýup pata berdi-de, ýerinden turmaklygy buýurdy. Tamar ýerinden turanyndan soň Ýahuda altyn ýüzükdir ysyrgalary çykaryp, oňa dakyşdyrdy. Kakasynyň gözleri ýalpyldaýardy, Tamaryň ýüregi bolsa tas saklanypdy.
— Irden öýüňi taşlamaga taýyn bol, — diýip, Ýahuda oňa aýtdy.
Doňup galan Tamar oýlanman şeýle diýdi:
— Irden? — Tamar kakasyna seretdi. — Adaglama näme?
Kakasy üm bilen onuň sesini kesmekligini buýurdy.
— Şu gün agşam men Ýahuda bilen bu baýramçylygy belläris, gyzym. Akja seniň zatlaryňy ýygnar we ertir seniň bilen gider. Bary çözüldi. Äriň seni görmeklige sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Däbe görä toýa taýýarlanmak üçin dokuz aýlyk adaglama möhletini talap etmändigi üçin Tamaryň kakasy gaty howsala düşdi. Geljekki nika özüni taýýarlamaklyk üçin Tamarda hatda bir hepde-de ýokdy!
— Ýöräber, Tamar. Ertir gitmäge taýyn bol.
Jaýyň aýallar otagyna gelip, özüniň zatlaryny ejesiniň we uýalarynyň toplaýandyklaryny gördi. Duýgularyny saklap bilmän, Tamar möňňürip aglamaga başlady. Uýalarynyň haýyşlaryna üns bermän, ol bütin gije aglap çykdy. «Siziň günüňiz hem geler, — diýip olara aýtdy. — Haçan bolsa-da, bir wagt siz maňa düşünersiňiz!»
Akja Tamary gujaklap, ony hüwdüleýärdi, gyzjagaz bolsa, bu iň soňky gije umytsyzlyk bilen öz çagalygyna ýapyşýardy.
Irden gün doganda Tamar ýuwnup, toý lybasyny geýdi.
Onuň ýanyna ejesi geldi.
— Söýgülim, sen razy bolup bilersiň. Ýahuda seniň üçin uly töleg töledi. — Gözýaşlar bilen basylan onuň sesi biraz sandyraýardy. — Bu ýewreý sowgat ýüklenen eşekli geldi. Yzyna bolsa diňe hasasy we möhüri bilen dolanýar.
— Hem-de meniň bilen, — diýip, Tamar ýuwaşja aýtdy.
Ejesiniň gözleri gözýaşdan doldy.
— Akja, ol barada alada et.
— Hawa, hanym.
Ejesi Tamary gujaklap, ogşady.
— Belki-de, äriň seni söýer we sen oňa birnäçe ogul dogrup berersiň.
Ol gyzynyň üstünde durup, bir zatlar diýip pyşyrdady. Tamar ejesine ýapyşyp, berk gujaklady we iň soňky gezek ene mährini we ýylylygyny duýdy. «Bolýar», — diýip ejesi ýuwaşja aýtdy we Tamar yza çekildi. Gitmezinden ozal ejesi onuň ýaňagyna elini degirdi.
Tamar daňyň şapagyna çykdy. Akja onuň bilen daşrakda duran Zimran we Ýahuda tarap ýöredi. Gyzjagaz şu gije aglap bilenini aglapdy. Mundan beýläk aglaman bolmaýanlygyna we arkada Akjanyň ümsümje aglaýandygyna seretmezden, Tamar indi çaga gözýaşlaryny dökmez.
— Belki biziň eşidenlerimiziň bary nädogrudyr, — diýip Akja aýtdy. — Käbirleriniň aýdyşlary ýaly ol gaty erbet däldir.
— Indi munuň näme ähmiýeti bar?
— Özüňi söýdürmäge sen ony mejbur etmäge synanyşmalysyň, Tamar. Aşyk bolan erkek — aýalyň elindäki laýdyr. Belki-de, hudaýlar bize rehimdar bolarlar!
— Maňa rehimdar bol-da, sesiňi çek!
Olar erkekleriň ýanlaryna baranlarynda, kakasy Tamary ogşady.
— Öndemli bol-da, Ýahudanyň tohumyny köpelt.
Zimran olaryň çalt gitmeklerini isleýärdi.
Ýahuda öňde barýardy, Tamar bilen Akja bolsa, onuň yzy bilen ýöreýärdiler. Ol uzyn boýly erkek bolany üçin uly ädimleýärdi, Tamar bolsa ondan yza galmazlyk üçin gaty çalt ýöremelidi. Akja zordan demini alyp, nägilelik bilen pyşyrdaýardy, emma Tamar oňa üňs bermedi. Tamar hyjuw bilen zähmet çeker. Ol oňat aýal bolar. Öz adamsyny hormatly adam etmek üçin ol elinden gelenini eder. Tamar bag ekmegi, sürüleri bakmagy, nahar bişirmegi, laýdan gap-çanak ýasamagy we tikin tikmegi başarýär. Öý kitabyny alyp barar ýaly ol gowy okap we ýazyp bilýär. Ol agyr günlerde nädip azyk önümlerini we suwy tygşytly ulanmalydygyny, oňat işler üçin bolsa, rehimli bolmalydygyny bilýär. Şeýle-de, ol sabyn gaýnatmagy, sebet örmegi, haly dokamagy, gural ýasamaklygy we hyzmatkärlere hojaýynçylyk etmekligi başarýandyr. Emma maşgalany gurýan çagalar bolsa, onuň adamsyna sowgat edip biljek iň beýik patasy bolar.
Olaryň garşysyna Ýahudanyň ikinji ogly Onan gelýärdi.
Ol Tamara göz gezdirdi-de, kakasyna: «Er gitdi» diýdi.
Ýahuda bar güýji bilen taýagyny ýere urdy.
— Nirä gitdi?
Onan egnini gysdy.
— Dostlary bilen güm boldy. Seniň nirä gideniňi eşidip, ol gaharlandy. Men ondan daş duraryn. Onuň meniň janymy ýakýandygyny sen gowy bilýärsiň.
— Berşeba!
Ýahuda öýüne tarap ýöredi.
Bosagada gözlerine reňk çalnan daýaw aýal peýda boldy.
— Näme gygyrýaň?
— Şu gün öýe gelinligini getirjekdigimi sen Ere aýdypdyňmy?
— Hawa, aýdypdym.
— Onda ol nirede?
— Men yzarlaýjy däl-de, onuň ejesidirin, Ýahuda. Islän wagty ol gaýdyp geler. Sen ony gowy bilýärsiň.
Ýahudanyň ýüzi gara-ört boldy.
— Hawa, men ony bilýärin, — ol taýagyny şeýle güýç bilen gysdy welin, hatda barmaklarynyň bogunlary agyrdy. — Ine, näme üçin oňa aýal gerek!
— Belki-de? Emma sen gyz owadan diýipdiň. — Ol Tamara göz gezdirdi. — Sen dogrudan hem bu hor gyzjagaz onuň kellesini aýlar öýdýäňmi?
— Tamar öz bolşundan uludyr. Eriň otagyny oňa görkez.
Ýahuda gitdi.
Dodaklaryny gysyp, Berşeba Tamaryň kellesinden dabanyna çenli göz aýlady we nägilelik bilen kellesini yryp: «Seni saýlanynda Ýahudanyň näme barada oýlanandygyna geň galýan» diýdi. Yzyna öwrülip, ol öýüne girdi, Tamar bilen Akja bolsa, ýeke galdylar.
* * *
Er özüniň kenganly dostlary bilen gijä ýakynlap geldi. Olar serhoşdylar we gaty batly gülýärdiler. Erkekleriň şeýle ýagdaýda nähilidiklerini bilip, Tamar bir çetde durdy. Tamaryň kakasy we doganlary hem köp içip, onsoň kän jedelleşerdiler. Ol tä şerabyň täsiri gutararyna deňeç, göze görünmezligiň akyllydygyna düşünýärdi.
Tamar özüniň çagyryljakdygyny bilip, toý lybasyny geýdirmegi Akja buýurdy. Gyzjagaz Er barada eşiden elhenç gürrüňleri ýadyndan çykarmaga özüni mejbur edýärdi. Belki-de, Er barada erbet zatlar aýdan adamyň gizlin sebäpleri bardyr! Tamar äri nähili hormatlamaly bolsa, Eri şonuň ýaly hormatlar we onuň talaplaryna uýgunlaşar. Eger Eriň kakasynyň Hudaýy Tamara rehimdar bolsa, onda ol Ere birnäçe ogul dograr. Eger Eriň kakasynyň Hudaýy pata berse, onda Tamar ogullaryny güýçli we adyl edip terbiýelär. Ol olaryň umyt baglar ýaly ynamdar bolmalydyklaryny wesýet eder. Eger Er islese, onda Tamar özüniň kakasynyň hudaýlary barada däl-de, Ýahudanyň Hudaýy barada ogullaryna gürrüň berer.
Muňa seretmezden, Tamaryň ýüregi sandyraýardy we her sagatdan gorky ulalýardy.
Ahyrynda Tamary çagyranlarynda, ol Eri görüp, haýran galdy. Er kakasy ýaly uzyndy we onuň bedeni uly güýç barada güwälik edýärdi. Onuň saçlary ejesiniňki ýaly gara, goýy we burum-burumdy we ol saçlaryny kenganlylar ýaly yza daraýardy. Maňlaýyndaky mis halka ony kengan hanlaryna meňzedýärdi. Ýigidiň owadanlygy Tamarda oňa bolan hormaty döretdi, emma onuň gözlerine seredende, ol howsalalygy duýdy. Bu rehimlilikden aýra düşen sowuk we gara gözlerdi. Kellesini buranda tekepbirligi, dodaklaryny gymyldadanda gatylygy we beýleki ähli hereketlerinde bolsa, biperwaýlygy okap bolýardy. Tamaryň elinden tutmak üçin ol ýerinden hem gozganmady.
— Hany, meniň aýalymmy şu, kaka? Bu meniň üçin seniň saýlanyňmy?
Onuň bu sözleri nähili ses bilen aýdanyny eşidip, Tamar titräp gitdi. Ýahuda elini oglunyň egnine goýdy.
— Özüňe degişli bolan barada alada et, belki-de, Ybraýymyň Hudaýy saňa köp ogul berer.
Er gözüni ýumman Tamara seredýärdi. Onuň ýüzi tebigy däldi.
Bütin agşam Eriň dostlary onuň öýlenmegi barada gödek degişmeler aýdýardylar. Olar ýadaman ony ýaňsylaýardylar. Eriň bolsa gülýändigine seretmezden, Tamar onuň bu degişmelerden göwnüniň şat däldigini bilýärdi. Öz pikirlerine batan Tamaryň gaýyn atasy gaty kän şerap içýärdi. Onuň ýanynda gelşiksiz tärde oturan Berşeba bolsa, toý saçagynyň iň oňat tagamlaryny iýip, gelnine üns hem bermeýärdi. Tamar beýle gödeklikden gaharlanyp, öýkeläpdi we gaty utanýardy. Ol özüniň gaýyn enesine näme ýamanlyk etdi? Nädip onuň göwnüne degdi? Berşeba edil Tamary görmeýän ýaly özüni alyp barmaklygy çözüpdi.
Gijäniň gaty haýal geçýänligi sebäpli Tamaryň gorkusynyň ýerini howsalalyk eýeläpdi. Ol özüni bu jemgyýetde taşlanan we ýatdan çykarylan ýaly duýýardy. Ol Ýahudanyň öýüniň mirasdaryna durmuşa çykypdy we muňa seretmezden, hiç kim, hatda gapdalynda oturan adamsy hem oňa ýekeje-de söz aýtmady.
Wagt gaty haýal geçýärdi. Tamar gaty ýadady. Ukusyz gijäniň we täze öýe gönmekligiň uzak ýolunyň täsiri indi bildirýärdi. Toý dabarasynyň tükeniksizligi bolsa, olardan-da gaty ýadadýardy. Bar güýji bilen ol gözüni ýummajak bolup synanyşýardy. Gözünden döküljek bolýan gözýaşlary saklamak bolsa, hemmesinden hem agyrdy.
Er ony çümmükledi. Tamar gorkudan titräp gitdi. Onuň gapdalynda özüniň irkilendigini bileninde, ýaňaklary gyzaryp gitdi. Dostlary Tamaryň ýaşdygy we geljekki nika gijesi barada gürrüň edip gülüşýärdiler. Er hem olar bilen gülýärdi.
— Seniň enekäň biziň üçin otagy taýynlady.
Ol Tamaryň elinden tutup, ýerinden turuzdy.
Akja olaryň ýatýan otagyndan çykyp, gapyny ýapan dessine Er Tamaryň ýanyndan yza çekildi. Akja gapynyň arkasynda öz ornuna baryp, kiçijik depregi çalyp, aýdym aýdyp başlady. Tamar üşütmäni duýdy.
— Bagyşla, hojaýynym, men uklapdyryn.
Er hiç zat diýmedi. Tamar garaşýardy we ol gaty tolgunýardy. Özüniň ümsümligi bilen gyzy synap, Er onuň özüni alyp barşyndan keýplenýärdi. Ellerini kükregine goýup, Tamar garaşmaklygy çözdi. Er bolsa ajy ýylgyryp, guşagyny çözdi.
— Geçen ýyl sürülerimizi kakaň meýdanlaryna eltenimizde men saňa üns beripdim. Meniň pikirimçe, hut şonuň üçin sen meniň aýalym bolup bilersiň diýip kakam çözendir.
Er ony aýagyndan kellesine çenli üns bilen gözden geçirdi. «Ol meni gaty gowy bilmeýär» diýip Tamar oýlandy.
Tamar onuň sözünden bahana gözlemedi. Ol Eri goldaýardy. Galyberse-de, Ýahuda gelip özi üçin töleg teklip edende, Tamaryň ýüregi şatlanmandy.
— Sen menden gorkýarsyň, şeýle dälmi?
Eger Tamar «ýok» diýse, onda aldardy. «Hawa» diýmek hem akylly däldi.
Er gaşlaryny galdyrdy.
— Sen gorkmalysyň. Men gaty zalym. Belki sen gepläp bilýän dälsiň?
Tamar onuň näme etjekdigini bilip hem, bilmän hem bilerdi. Garşy durman ol sesini çykarmazlygyny dowam etdirdi. Tamar öz kakasynyň zalym bolýan ýagdaýlaryny kän görüpdi we şol sebäpden hem hiç zat diýmezligiň iň oňatdygyny gowy bilýärdi. Gyzma häsiýet üçin söz ot üçin ýag ýalydyr. Gyzma erkekleriň öňünden aýdyp bolmaýan hereketleriniň bolýandygy barada ejesi Tamara hemişe aýdardy. Tamar bolsa, Eri gyzma ýagdaýyna getirjek däldi.
— Sen seresap bol, bäbejik, şeýle dälmi? — Er ýylgyrdy. — Sen nämäniň nämedigine düşünýärsiň. — Ol Tamara ýakynlaşdy. — Men barada eşidendigiňe berk ynanýan.
Er ýeňillik bilen onuň ýaňaklaryna elini degirdi. Tamar bolsa, onuň ellerini özünden aýyrmajak bolup synanyşdy.
— Seniň doganlaryň öýlerine kän gybatlary getiren bolsalar gerek?
Tamaryň ýüregi öňküsinden-de gaty çaltlyk bilen dürküldeýärdi.
— Kakamyň aýdyşy ýaly, indi sen meniňki, meniň köşejigim we seniň bilen islänimi edip bilerin. Oňa minnetdarlyk aýtmagy meniň ýadyma salarsyň.
Ol Tamaryň alkymyndan tutdy. Onuň gözleri Tamara aýyň yşygyndaky şagalyň gözlerini ýatladyp, sowuk halda ýalpyldaýardylar. Haçanda ol egilip, özüniň dodaklaryndan ogşanynda bolsa, Tamar üşetmäni duýdy. Er ony bahalandyryp, ýene-de goýberdi.
— Eşidýänleriň baryna ynanaý!
— Men saňa ýaranmaga synanyşaryn, ärim.
Sesi titräp, ýaňaklary ýanyp barýardy.
— Wah, seniň synanyşjakdygyňa men şübhelenmeýän, gözelim, emma hiç zat başa barmaz. — Dişlerini görkezip, onuň agzy gyşardy. — Sen başarmarsyň.
Eriň nämäni göz öňünde tutandygyna düşünmek üçin Tamara bir hepdelik toý dabarasynyň bary-ýogy bir güni ýeterlik boldy.
Ikinji bap
Er bilen Berşebanyň sesli edýän jedelleri Tamara baryp ýeteninde, ol tisginip gitdi. Günortanyň jöwzasyna seretmezden Tamar üşedi. Ýahuda özüniň uly ogluny sürüleri äkitmek üçin kömege çagyrypdy, emma Eriň bolsa, başga islegleri bar ýalydy. Er gaty gyzmady we özüniň gaharyny kimden çykarjagyny bilmeýärdi. Hut şu pursatda aýaly oňat olja bolardy. Galyberse-de, hiç kim olaryň jedellerine goşulmazdy.
Kellesini galdyrman Tamar Berşebanyň tabşyran işini, ýagny ýeri kätmenlemegini dowam etdirýärdi. Mümkin bolsa, Tamar şu wagt garynja kimin kiçi bolup, özüne gaçalga gözlejekdi. Öýden bolsa öňküsi ýaly oglunyň gödek sözleri we ejesiniň bolsa igençleri eşidilýärdi. Gorky sebäpli peýda bolan gözýaşlar bilen göreşip, Tamar ýerden uly daşy çykarmak üçin dyzyna çökdi. Ýerinden turdy-da, ol daşy gapdalyndaky daş üýşmegine atdy. Pikirinde ol özüniň töwereginde üstünde mawy asman gögerip duran beýik we galyň diwar gurýardy.
Ol Er barada we onuň bu gezek özi bilen edip biljek işi barada oýlanasy gelenokdy.
— Ol oglunyň üstünden ygtyýarlygyny ýitirýär, — diýip, Tamaryň gapdalynda işleýän Akja aýtdy.
— Bu barada aladalanmagyň geregi ýok, Akja.
Bu sözler Akja jogap bermeklik üçin däl-de, özüni köşeşdirmek üçin aýdylypdy. Tamar işlemegini dowam etdirdi. Ol başga näme edip bilerdi? Ýahudanyň öýünde geçirilen dört aý Tamary mümkin bolan ýagdaýlarynda, esasan-da adamsynyň gaharjaň bolan günlerinde, her gezek ondan gizlenmeklige öwredipdi. Şeýle-de ol özüniň gorkusyny gizlemegi öwrenipdi. Tamaryň ýüregi titräp bilerdi, bütin durky sandyrap bilerdi, derisi sowuk we şepbeşik bolup bilerdi, emma ol özüniň gorkýandygyny görkezmeli däldi, çünki Er onuň gorkýandygyna syn etmegi halaýardy. Tamaryň özünden gorkýandygyny göreninde, ol gaty hoşal bolardy.
— Arman, şu wagt Ýahuda bolsady! — Akja ýigrenç aňladýan ses çykardy. — Eldetde, ol hiç haçan bu ýerde ýokdur. — Tamar gaty ýeri kätmenledi. — Şeýtse ony hiç kim günäkärlemez.
Tamar hiç zat diýmedi. Çykalga tapjak bolup ýa-da ony tapyp bilmän Tamaryň beýnisi galagopluk bilen işleýärdi. Eger Ýahuda ir gitmedik bolsady! Getirmek üçin hyzmatkäri goýbermän, ol Eri özi bilen äkiden bolsady! Ýahuda öýündekä, Eriň hötdesinden gelip bolardy. Kakasy öýde bolmadyk wagty Er özüne erk berýärdi. Öýdäki jedelleriň bary Ýahudanyň öz ygtyýarlygyny doly görkezmezligindedi. Ol öýüniň darlygyndan baýyrlaryň we meýdanlaryň giňişliklerini gowy görýärdi. Tamar ony ýazgarmaýardy — dawaçyl aýalydyr gödek we garagol ogullary bilen deňeşdireniňde, goýunlar we geçiler parahat we mylakatly jemgyýetdiler. Käwagtlar Er bilen Onan özlerini zynjyr bilen bir-birlerine daňylyp, bir kapasa taşlanan ýabany haýwanlar ýaly alyp barýardylar.
Ýahuda şowsuzlykdan gaçyp bilerdi. Ýahuda jogapkärçilikden hem gizlenip bilerdi. Tamar bolsa, her gün howpuň ýanynda ýaşamalydy.
Öýde bir agyr zat gürpüldi bilen ýere gaçanda, Tamar tisginip gitdi. Berşeba çirkin gygyrdy. Er bolsa nälet bilen jogap berdi. Diwara urlan ýene bir toýun çanagyň sesi geldi. Demirden edilen jam gapydan okdurylypdy.
— Sen şu gün öýe dolanmaly dälsiň, — diýip Akja ýuwaşja aýtdy. Tamar öwrüldi-de, uzakdaky baýyrlara üns berip seretdi, yzda bolsa söweş möwç urýardy. Ýüzüniň derlerini süpürende, Tamaryň elleri derleýärdi. Gözlerini ýumup, uludan demini aldy. Belki-de, bu gezek Ýahudanyň buýrugy ýeterlik bolmazdy.
— Näme bolsa-da, Betşeba hemişe ýeňýär, — diýip, Akja ýigrenç bilen belledi we gurak topragy kätmenleýärdi. — Eger möňňürme kömek etmese, onda ol tä öz diýenini etdirerine deňeç çişmegini dowam etdirer.
Tamar Akja üns bermedi we oňat zatlar barada oýlanmaga synanyşýardy. Ol özüniň gyz doganlaryny ýatlady. Olar biderek zatlaryň üstünde jedelleşerdiler, emma bilelikde wagty oňat we şadyýan geçirerdiler. Ol özleriniň iş başynda aýdym aýdandyklaryny we bir-birleriniň göwünlerini açmak üçin taryhlar aýdandyklaryny ýatlady. Onuň kakasynyň häsiýeti hem ähli erkekleriňki ýalydy, agalary käwagt sesli jedelleşýärdiler, emma özüni Ýahudanyň öýündäki şertlere taýýarlar ýaly durmuşynda şunuň ýaly hiç zat bolmandy. Her daňdan Tamar täze umyt bilen turardy we ony günüň dowamynda ýene-de ýitirerdi.
— Eger bu ýerde meniň nähilidir bir ornum bolsady, Akja, azajyk bolsa-da täsirim bolsady..., — diýip, Tamar özüne hiç bir rehimsiz aýtdy.
— Ogul doguranyňda, sen oňa eýe bolarsyň.
Ogul. Tamaryň ýüregi uly küýsegden gyýyldy. Ol çaga edinmekligi beýlekilerden-de gaty küýsedi. Ogul edinmeklik isleginiň öz tekepbirliginden we öýüniň abatlanmagyndan hem güýçli bolan adamsyndan-da, Tamaryň islegi güýçlüdi. Ogul onuň öýdäki ornuny berkiderdi. Ol ogluny söýerdi we öz ýanynda saklardy, oglu-da ony söýerdi. Belki-de, ogly Eriň ýüregini we elini ýumşadardy.
Berşebanyň kemsidip aýdan sözleri Tamaryň ýadyna düşdi: «Eger sen meniň oglumyň lapyny keç etseň, onda ol seni ýygy-ýygydan urar! Onuň islänini et we ol belki-de, seňiň bilen oňat gatnaşyk eder!» Öz-özüne haýpy gelmeklik bilen göreşip, Tamar gözýaşlaryny ýuwutdy. Özüne rehimi geldirmekligiň näme peýdasy bar! Bu onuň gujur-gaýratlylygyny diňe ýumşadar. Isleýän ýa-da islemeýändigine seretmezden, ol şu maşgalanyň agzasy. Ol öz duýgularyna erk bermeli däl. Ol Berşebanyň zäherli käýinç etmekligi söýýändigini bilýär. Gaýyn enesiniň Tamaryň ýüregine şikes ýetirmedik ýekeje-de güni bolmazdy.
— Ýene bir aý geçdi, Tamar, sen henizem göwreli bolmadyň! Men bolsa toýdan bir hepdeden soň göwreli bolupdym!
Tamar Eriň gaharyny getirip bilýän hiç zat hem aýtmandy. Edýän işleriniň bary ärine we gaýyn enesine ýaramaýan bolsa, onda nädip ol özüni gorap bilsin? Olaryň haýsydyr biri tarapyndan mähirlilige we haýpy gelmeklige Tamar umydyny üzüpdi. Bu maşgalada hormat we garyndaş duýgulary hem ýok ýalydy, çünki Berşeba Eri Ýahudanyň buýruklaryna boýun egdirmekligi üçin haýbat atmaklyga mejburdy.
— Besdir diýýän! — Er Tamaryň ünsüni ejesi bilen ogluň arasyndaky jedele dolandyryp, umytsyzlyk bilen gygyrdy. — Besdir! Men kakamyň ýanyna giderin! Bu igençlerden azat bolmak üçin nirä gitmeli bolsa giderin!
Ol çaltlyk bilen öýden çykdy.
— Men goýunlary ýigrenýärin! Eger başaryp bilsedim, onda olaryň baryny öldürerdim!
Gapyda Berşeba peýda boldy. Kükregini asmana galdyryp, bosagada durdy.
— Onsoň sende näme bolardy?
— Olaryň eti we ýüňi üçin mende pul bolardy. Ine, mende näme bolardy.
— Sen olary bir hepdede sowardyň. Onsoň näme? Şunuň ýaly akmagy men ulaltdymmy?
Er ejesini käýäp we oňa tarap betnyşan hereket etdi-de, uly ädimleri bilen olaryň ýanlaryndan aýryldy. Tamar onuň tä Kezipden ters tarapa gidýändigini görerine deňeç demini saklap synlady. Onuň gödekliginden Tamar birnäçe gün dynç almaklygy küýseýärdi.
— Bu söweşde Berşeba ýeňene meňzeýär, — diýip Akja aýtdy. — Emma bu ýene we ýene dowam eder, — diýip sözüne goşdy.
Tamar ýylgyrdy-da, ýeňil ýürek bilen öz işine dolandy.
— Akja, her günüň öz aladasy ýetikdir. Ertirki barada men öz kellämi agyrdasym gelmeýär.
— Tamar! — Öýden Berşeba çykdy. — Eger sende biderek gürrüňler üçin wagt bar bolsa, onda ol bu bulaşyklygy aýyrmaga-da ýeter!
Yzyna öwrülip ol öýe tarap gitdi.
— Özleriniň öýde eden bulam-bujarlyklaryny aýrarsyň diýip ol umyt edýär, — diýip, Akja ýigrenç bilen aýtdy.
— Ýuwaş bol, sen biziň başymyza mundan hem artyk belany getirersiň.
Berşeba ýene-de peýda boldy.
— Bagdaky işi Akja gutarsyn. Seniň bolsa häziriň özünde öýde bolmaklygyňy men isleýän!
Ol öýe girdi.
Jaýyň içindäki çar tarapda dagaşyp ýatan çanaklaryň bölejiklerini basmajak bolup Tamar seresaplyk bilen ýöreýärdi. Berşeba ýüzüniň çytyklygy bilen döwlen haly dokalýan gurala seredip oturdy. Tamar bolsa, aşak çöküp özüniň ýüňden edilen ötrgüsine küýzäniň böleklerini ýygnyp başlady.
— Onuň eden galmagalyndan Ýahuda hoşal bolar diýip umyt edýän, — diýip, Berşeba gahar bilen aýtdy. — Aýal Eriň gylygyny ýumşadar diýip Ýahuda oýlanypdy.
Bar zatda Tamary günäkärleýän ýaly edip, Berşeba gazap bilen oňa seretdi.
— Er öňküsinden-de beter boldy! Sen meniň oglumy oňat däl-de, beter etdiň!
Tamar gözýaşlaryny saklap, özüni aklamady.
Näletlemeler bilen pyşyrdap, Berşeba haly dokaýan gurala elini degirdi. Guralyň tutawajynyň döwlendigini, özüniň haly dokaýan sapaklarynyň bolsa bulaşyp ýatandyklaryny görende, ýüzüni elleri bilen ýapyp, möňňürmäge başlady.
Duýgularyň şunuň ýaly ýarylmasyna Tamar biraz çekindi. Ol Berşebanyň ajy gözýaşlar dökýän pursatlaryna kän duş gelipdi. Birinji gezek şeýle bolanynda, Tamar gaýyn enesiniň ýanyna baryp, ony köşeşdirmäge synanyşypdy, emma ol ondan şarpyk iýipdi we özüniň ýetiren gussasy üçin sögünç eşidipdi. Bu gezek Tamar oňa seretmän, daşrakda durdy.
Berşeba körmüdi we maşgalasy bilen eden işine düşünmeýärmidi? Ol hemişe ogluny kakasyna, kakasyny ogluna öjükdirýärdi. Ol ogullaryny kesir bolmaklyga we bütin maşgalanyň peýdasy üçin däl-de, öz höwesleriň üçin ýaşamaklyga öwredip, hemişe ogullarynyň öňünde Ýahuda bilen her bir zat üstünde jedelleşerdi. Onuň gaýyn enesiniň betbagtdygyna geň galar ýaly däldi! Onuň bilen hemmeler hem betbagtdylar.
— Ýahuda Eriň goýunlar barada alada etmegini isleýär. — Berşeba gurala ellerini sokuşdyryp, ony beter bozýardy. — Näme üçindigini bilýäňmi? Çünki meniň ärim bir ýyldan köp wagtlap öz atasyndan uzakda bolup bilmeýär! Ol onuň ýanyna baryp, pes gojanyň näme bilen meşgul bolýandygyna seretmeli. Öýe dolananynda, sen oňa üns ber. Ol bütin günläp oý-pikirde bolar. Hiç kim bilen hem gürrüň etmek islemez. Iýesi-de gelmez. Onsoň ol içip, her gezekki Ýakup bilen duşuşygyndan soňky biderek sözlerini aýdyp başlar.
Onsoň Berşeba ýüzüni-gözüni oýnadyp: «Hudaýyň eli meniň üstümdedir!» diýdi-de, adamsyny ýaňsylady.
Tamar kellesini galdyrdy we oňa seretdi.
Berşeba ýerinden turdy-da, öňe-yza ýöräp başlady.
— Bolmadyk Hudaýa ynanar ýaly adam şeýle bir akmak bolup bilermi?
— Belki-de, Ol bardyr?
Berşeba oňa erbet nazar bilen seretdi.
— Onda Ol nirede? Ol Hudaýda özüniň ýaşamaklygy üçin ybadathanasy we özüne gulluk etmekleri üçin ruhanylary barmy? Onuň hatda çadyry-da ýok! — Ol gopbamsylyk bilen ýaňagyny galdyrdy. — Ol kengan hudaýlaryna meňzemeýär. — Öz otagyna bardy-da, gapyny uludan açdy. — Ol bu hudaýlara meňzemeýär. — Berşeba takwalygy bilen elini özüniň terafimine[2] tarap uzatdy. — Sen Ony görüp bilmeýärsiň. — Ol elini buta degirdi. — Sen Oňa eliňi-de degrip bilmeýäň. Bu hudaýlar bolsa, bizde höwesleri artdyrýarlar we ýerlerimizi hasylly, aýallarymyzy bolsa, öndemli edýärler. — Onuň gözleri sowuk halda ýalpyldaýardylar. — Belki, eger-de sen olara uly hormat goýan bolsaň, onda şu wagta çenli boş göwre bolmazdyň.
Tamar ýiti tikeni duýdy, emma onuň bu gezek ýüreginiň çuňuna aralaşmagyna ýol bermedi.
— Eýsem Ýahudanyň Hudaýy Sodomy we Gomory küle öwürmedimi?
— Hawa, käbirleri şeýle diýýärler, emma men muňa ynanmaýan.
Bu sözleriň jaýyna bela getirip biljekdigi ýaly onuň gapysyny berk ýapdy we yzyna öwrülip, ýüzüniň çytyklygy bilen Tamara seretdi.
— Sen öz çagalaryňy şäherleri küle öwürýän Hudaýa ynanarlary ýaly edip terbiýelemek islärmidiň?
— Eger Ýahuda muny islese, onda şeýle-de ederdim.
— Ýahuda, — diýdi-de, Berşeba kellesini çaýkady.
— Sen meniň ärimiň öz atalarynyň Hudaýyna haçan-da bolsa, bir wagt sežde edenini gördüňmi? Men muny hiç haçan görmedim. Onda näme üçin onuň ogullary ýa-da men Oňa sežde etmilimişim? Sen öz oglanlaryňy Eriň saýlan dinine laýyklykda terbiýelärsiň. Men hiç haçan görünmeýän Hudaýyň öňünde tagzym etmedim. Men hiç haçan kengan hudaýlaryny satmadym we seniň hem olara ynamdar bolmagyňy maslahat berýän. Eger sen özüniň ýagşylygynyň näme sebäpdendigini bilsediň...
Gaýyn enesiniň sözlerinde haýbat eşidildi.
Berşeba diwaryň ýanyndaky ýumşak düşekde oturdy we sowuk güldi.
— Eger Er seniň käwagtlar ýewreýleriň Hudaýyna sežde etmeklik barada oýlanýandygyňy biläýse, onda ol mundan hoşal bolmaz. — Onuň gözleri kiçeldi. — Biziň betbagtçylyklarymyzyň bary sen zerarly diýip hasaplaýan.
Tamar özüne nämäniň garaşýandygyny bilýärdi. Er öýe gelende, Berşeba maşgaladaky ruhy gozgalaň barada aýdar. Dawalary gozgaýjy bolmak Berşeba ýaraýardy.
Tamar elindäki küýze bölejiklerini ýere zyňyp, gaýyn enesiniň özüniň hususy elleri bilen maşgalasyny dargadýandygyny aýdasy geldi. Emma Berşebanyň özüne syn edýändigini bilip, gaharyny basyp ýatyrdy-da, işini dowam etdirdi.
— Hudaýlar meni üç owadan ogul bilen pataladylar we her bir oňat enäniň edişi ýaly men olary şol hudaýlaryň öňünde gorky bilen terbiýeledim.
«Senden-de az işleýän özdiýenli ogullary», — diýip Tamar aýtjakdy, emma dilini saklady. Gaýyn enesi bilen söweşde ol ýeňiş gazanyp bilmezdi.
Berşeba aşak egildi-de, ters ýaran bir hoşa üzüm sygýan çanagy galdyrdy.
— Sen ýygy-ýygydan Aştarota doga etmelidiň we Bagala dolup-daşyp gurbanlyklar getirmelidiň. Belki şonda olar seniň göwräňi açardylar.
Tamar kellesini galdyrdy.
— Men Aştarot we Bagal barada bilýärin. Meniň kakam bilen ejem uly gyz doganymyň ruhany bolup hyzmat etmekligi üçin ony Timnadaky ybadathana berdiler.
Öz ata-enesiniň imanyny hiç haçan kabul edip bilmändigini we ähli aýallardan özüniň uýasyna haýpy gelýändigini Tamar aýtmady. Bir gezek özleriniň Timnada baýramçylykda bolanlarynda, Tamar özüniň uýasynyň butuň ruhanysy bilen azgynlyga berilýändigini görüpdi. Bu dini dessur Bagaly oýaryp, ýazy getirýär diýmekligi aňladýardy. Ýöne görenleriniň bary Tamarda ýigrenji we gorkyny döredipdi. Halk bolsa, gaty güýçli duýgular bilen bolýanlara syn edýärdi. Tamar çykalga gözläp bir burçda gizlendi-de, gaçyp gidipdi. Ol tä Timnadan çykaryna deňeç saklanman ylgapdy. Oňsoň ol bir baglykda gizlenipdi we tä ejesiniň taparyna deňeç şol ýerde agşama çenli bolupdy.
— Sen ýeterli takwa dälsiň, — diýip, Berşeba tekepbirlik bilen aýtdy.
— Hawa, ýeterli däl, — diýip, Tamar öz-özüne aýtdy. Eger hakyky Hudaýa ynanmasa, onda Tamar özüniň hiç haçan takwa bolup bilmejekdigini bilýärdi. Onuň üçin hudaýlyklaryň hiç bir manysy ýokdy. Olara doga etmeklige synanyşyklarynyň bary Tamary ýigrenç bilen utançdan doldurypdy.
Berşeba ýerinden turdy we özüniň haly dokaýan guralynyň ýanyna bardy. Bulaşyp ýatan sapaklary terpitleşdirer ýaly ol indi biraz rahatlanypdy.
— Eger sen hakyky ynanýan bolsadyň, onda eýýäm göwreli bolardyň. — Bu nejis sözleriň nähili täsir edendigine baha bermeklik üçin ol Tamara göz gezdirdi. — Hudaýlar senden nägile bolsalar gerek, şeýle dälmi?
— Belki-de şeýledir, — diýip, Tamar garşylyk görkezmän, agyry bilen öz günäsini boýun aldy.
Tamaryň terafimleri toýundan, daşdan we agaçdan edilen butlardan başga zat däldiler. Berşebadan tapawutlylykda, Tamar olary kabul edip, hyjuw bilen sežde edip bilmeýärdi. Hawa, Tamar özünden garaşylýan dogany amala aşyrardy, emma onuň sözlerinde ne many, ne-de güýç bardy. Olar onuň ýüregine düşüp, aňyny üýtgetmeýärdiler.
Eger kengan hudaýlary şunuň ýaly güýçli bolsalar, onda näme üçin olar Sodom we Gomoranyň ýaşaýjylaryny halas edip, gorap bilmediler. Elbetde, bir Hudaýdan giden goşunlaryň hudaýlary güýçli bolmalydyrlar. Emma olar hakyky hudaýlar bolsadylar!
Emma olar bary-ýogy adam eli bilen ýasalan daşdylar, agaçdylar we toýundylar!
Ýok, olar hakyky hudaýlar däldirler.
Tamaryň ýüregi gozgalaň turuzýardy. Daş-töweregindäki dünýä — asman, ýer, şemal we ýagyşlar Kimdir Biriniň bardygy barada gürrüň berýärdiler. Belki-de, Ýahudanyň Hudaýy şol Kimdir Biridir? Duşmanlardan galkan. Tupandan gaçalga. Iň ulusy-da, gala... Muny bilmeklige Tamaryň nähili höwesi bardy! Ýöne ol soramaklyga gaýrat tapmady.
Ýahudany beýleki kän zatlar aladalandyrýan wagty ondan Hudaý barada sorar ýaly Tamaryň nähili hukugy bardy?
Haçandyr bir wagt bu barada soramaklyga Tamaryň wagty we mümkinçiligi bolar.
Ýahudanyň nämä ynanyp, nähili sežde edýändigini görmeklige Tamar umyt bilen garaşýardy.
* * *
Ýahuda bilen Er bäş günden soň dolanyp geldiler. Heniz öýe girmänkäler, Tamar olaryň jedellerini eşitdi.
Berşeba hem muny eşidip, uludan demini aldy.
— Tamar, bar, geçini sag we öz enekäňe onuň çörek bişirmelidigini aýt. Belki-de, eger erkekler naharlansalar, onda göwünleri hoşal bolar.
Tamar küýzedäki täzeje süýt bilen gelende, Ýahuda eýýäm ýumşak ýassyga tirsegini berip otyrdy. Ol gözüni ýumdy, emma Tamar onuň uklamaýandygyny gördi. Onuň ýüzi gaty çytykdy, Berşeba bolsa gözüni mölerdip, adamsynyň ýanynda oňa seredip otyrdy. Ýene-de ol äriniň göwnüne degen bolsa gerek we Ýahuda edip biljek işiniň iň oňadyny edipdi — ol aýalyndan çetleşipdi.
Bäş gün, Ýahuda, bäş gün. Sen şunuň ýaly uzak wagtlap şol ýerde galmalydyňmy?
— Sen ol ýere meniň bilen bile gidip bilerdiň.
— Hawa, onsoň men ol ýerde näme işlärdim? Seniň doganlaryňyň aýallaryny diňlärdimmi? Meniň olar bilen näme umumy zadym bar? Seniň ejeňe hem meniň meňzeş ýerim ýok!
Ol ynjyk çaga ýaly eňreýärdi we zeýrenýärdi.
Tamar Ere süýt hödürledi.
— Şerap, — diýip, ol gaharly halynda elini hereketlendirdi. — Men şerap isleýän.
— Men bolsa süýt içerin, — diýip, Ýahuda aýtdy we onuň gözleri diňe Tamary görüp biler ýaly açyldy.
Berşeba kellesini galdyrdy.
— Heý! Süýdi maňa ber. Men öz ärime hyzmat ederin, sen bolsa meniň ogluma hyzmat et.
Onsoň ol küýzäni aldy-da, okara süýt duýup, ony Ýahudanyň eline tutdurdy. Indiki gezek öz-özüne hyzmat etmekligi üçin küýzäni bolsa, onuň ýanynda goýdy.
Tamar Er üçin şerap alyp geldi we Berşebanyň bolsa, heniz hem agzyny ýumman Ýahudanyň kellesini agyrdyp oturanyny gördi.
— Ataňy görüp geleniňden näme peýda, Ýahuda? Bir zatlarüýtgedimi? Sen hemişe öýe betbagt bolup gelýärsiň. Goý, Ýakubyň özi, ikinji aýaly we ogly aglabersin! Ony ýadyňdan çykar. Her gezek ony görüp, öýe dolananyňda, sen meniň durmuşymy agyrlaşdyrýaň.
— Men kakamy taşlamaryn, — diýip, Ýahuda dişini gyjady.
— Näme üçin? Ol seni taşlady ahyryn! Garrynyň tizräk aradan çykyp, bizi günümize goýmaýandygy gaty gynançly...
— Besdir! — diýip, Ýahuda gygyrdy.
Tamar gaharyň däl-de, agyrynyň gygyrmaklyga mejbur edendigini gördi. Ýahuda ýüzüniň çytyklygy bilen ellerini galdyryp, saçlaryny yza darady.
— Hiç bolmanda bir gezek diliňi dişlesediň, Berşeba! — Ýahuda kellesini galdyryp, gazap bilen oňa seretdi. — Mundan-da gowusy — meni öz günüme goý!
— Sen şeýle gazap bilen nädip meniň bilen gürleşip bilýäň? — Berşeba möňňürip aglamaga başlady. — Men seniň ogullaryň ejesidirin. Üç ogullaryň ejesi!
— Üç biderek ogullaryň ejesi.
Ýahuda gözlerini süzdi-de, Ere sowuk seretdi.
Tamaryň ýüregi sandyrap gitdi. Ol Ýahuda Eriň gaharyny getirer ýaly bir zatlar aýdar öýtdi. Atasynyň ýanynda ol dymar, emma soňra bar gaharyny Tamardan çykarar.
Berşeba henizem gepini dowam etdirýärdi we muňa çydamadyk Tamar tas gygyryp, onuň sesini çekip, şu ýerden ýok bolmagyny aýdyp goýberipdi. Tamaryň bagtyna, Berşeba otagdan çaltlyk bilen çykyp gitdi we otagda ümsümlik höküm sürdi.
Iki erkege hyzmat etmek üçin Tamaryň ýeke özi galdy. Otagdaky kyn ýagdaý ony gorkuzýardy. Ol ýene-de Eriň käsesini şerapdan doldurdy. Ol bolsa bada-bat käsesini boşadyp aýalyna uzatdy. Ýene-de ony doldurmazyndan ozyl Tamar Ýahuda çaltlyk bilen seretdi. Er ýüzüni çytyp, oňa seretdi we soňra kakasyna bakdy.
— Indiki bäş günüň içinde goýunlara Onan we Şela serederler. Men bolsa öz dostlarymyňka baryp geljek.
Ýahuda ýuwaşlyk bilen kellesini galdyrdy-da, ogluna seretdi.
— Sen?
Sesi ýuwaşdy, garaýşy agyrdy.
Er sesini üýtgetdi. Ol käsesine seretdi-de, ony boşatdy.
— Elbetde, seniň rugsadyň bilen.
Ýahuda Tamara üns berip seretdi-de, ondan gözüni aýyrdy.
— Gidiber. Ýöne bu gezek dawa turuzma.
Eriň ýüzi gyşardy.
— Dawany hiç haçan men başlamaýaryn.
— Elbetde ýok, — diýip, Ýahuda gülümsiräp aýtdy.
Er ýerinden turup, Tamara ýakynlaşdy. Ol yza çekildi, emma Er onuň elinden berk tutup, özüne çekdi.
— Men seni küýsärin, meniň gözelim.
Bu sözleriň nähili aýdylandygy olaryň manylaryny puja çykarýardy. Onuň barmaklary Tamaryň tenine gaty agyry bilen ýapyşypdy. Onsoň ony iberip, ýaňagyndan çümmükledi.
— Içiňi gysdyrma. Men tiz gelerin!
Eriň giden pursadynda, Ýahuda ýeňillik bilen demini aldy. Ol Tamaryň bardygyny görmedik bolsa gerek. Aşak egilip, kellesi agyrýan ýaly elleri bilen ony berk gysdy. Tamar aşak çökdi-de, özüniň gitmekligi üçin Ýahudanyň buýrugyna garaşýardy. Ol bolsa dymýardy. Akja çörek getireninde, Tamar ýerinden turdy-da, onuň elinden kiçijik sebedi aldy we Akjanyň bolsa gapynyň ýanynda oturmalydygyny üm bilen aýtdy. Edeplilik ýerine ýetirilmelidir.
— Meniň jenabym, Akja çörek bişirdi.
Tamar jogaba garaşman, çöregi bölüşdirdi-de, onuň bir bölegini gaýyn atasynyň öňünde goýdy. Onsoň ol käsä süýt guýdy. Bir hoşa üzüm aldy we nary bölüşdirip göýdy.
— Kakaň Ýakubyň jany sagmy?
— Söýgüli oglunyň ýitendigine aglaýan adamdan garaşyp bolary ýaly, — diýip, Ýahuda ajygyp aýtdy.
— Siziň doganlaryňyzyň biri aradan çykdymy?
Ýahuda kellesini galdyryp, Tamara seretdi.
— Gaty irdi. Heniz seniň dogulmazyňdan hem ozal.
— Ol heniz hem agy tutýarmy, — diýip, Tamar haýran galyp sorady.
— Ol mazara çenli bu oglany aglar.
Tamar hiç haçan hasratyň şunuň ýaly bolup bilýändigini görmändi we eşitmändi. Onuň Ýahuda haýpy geldi we onuň ünsüni gaýgyly pikirlerden nädip sowmalydygyny bilmedi. Özüne Ýahudanyň gaty üns bilen seredýändigi, esasan-da onuň garaýşynyň gazaplanan pursady Tamary utandyrdy.
— Ol seniň ýaňagyňda ýara yzlaryny galdyrdy.
Tamar çaltlyk bilen ýaňagyny ýapyp, yzyna öwrüldi.
— Zyýany ýok.
Özi bilen Eriň gaty erbet gatnaşyk edýändigini Tamar hiç haçan hiç kime aýtmandy. Hatda Akja ondan bu barada soranynda-da, ol öz adamsyny satmajak bolup sesini çykarmazdy.
— Sen öz doganyň barada gaýgylanýaňmy?
— Men onuň nähili aradan çykandygy hakynda gaýgylanýaryn.
Ýahudanyň sesi Tamary bilesigelijilik bilen onuň ýüzüne seretmäge mejbur etdi.
— Ol nädip aradan çykdy?
Ýahudanyň ýüzi gatady.
— Ol haýwan tarapyndan ýyrtyldy. Ondan gana bulaşan eşikden başga zat galmady.
Bu sözler Ýahudanyň olara öň hem ençeme gezek aýdany ýaly eşidildi we bulary ýene-de gaýtalamak onuň ýüregine düşen ýalydy. Tamar gaşlaryny galdyranda, Ýahudanyň ýüzi özüne çekiji ýaly görünýärdi.
— Sen maňa ynanmaýaňmy?
— Näme üçin ynanmaýan? — Tamar ony gaýgylandyrasy gelenokdy. — Men öz maşgalam barada köpräk bilmek isleýärin.
— Öz maşgalaň barada?
Onuň agzy gaýgy bilen gyşardy.
Tamaryň ýaňaklary gyzardy. Ol hem Tamary özüniň maşgalasyndan aýyrjak bolýandygyny aýtmak isleýärmi? Öýke bilen gahar hem oýandy. Bu hakykatdan hem Tamary öz öýüne getirip, ony ogly üçin saýlan Ýahudamy? Elbetde, ol Tamara adyl bolar.
— Meniň jenabym, seniň meni getiren maşgalaň — bu eger rugsat berseler, onda meniň oňa hyzmat etjek maşgalamdyr.
— Eger Hudaý islese...
Onuň agzy ýerine geldi. Ol bir döwüm çörek alyp iýdi.
— Sen maňa hiç zat aýtmak islemeýäňmi? — diýip, Tamar ýuwaşja sorady. Onuň edermenligi gutarypdy.
— Näme bilmek isleýäň?
— Hemme zady. Esasan-da seniň Hudaýyň barada. Ol nirede ýaşaýar? Onuň ady kim? Sen Oňa nähili sežde edýärsiň? Meniň kakamyň tassyklaýşy ýaly, Ol göze görünmezekmi? Onuň bardygyny sen nädip bilýäň?
Ýahuda yza çekildi.
— Sen meniň kakam we ejem barada bilmek isleýänsiň öýtdüm.
— Men siziň Hudaýyňyzyň duzly jülgede ýerleşen şäherleri ýok edendigi barada eşitdim. Häzir şol ýerler batgalykdyr.
— Bu hakykatdyr. — Ýahuda ondan gözüni aýyrdy. — Ýaşaýjylaryndan on sany takwa adam tapylmasa, onda bu şäherleri weýran etjekdigini perişde Ybraýyma aýtdy. Ot bilen kükürdiň gökden aşak inişini Ybraýym öz gözleri bilen gördi. — Ol dabara bilen Tamara seretdi. — Seniň Ony görüp we eşidip bilmeýändigiň wadyp däl. Ol bar...
— Näme... bar?
— Ýöne... bar. Öz soraglaryň bilen meniň kellämi agyrtma. Sen kenganlysyň. Berşebanyň otagyna bar-da, şol ýerden öyüňe but saýlap, oňa sežde ediber! — diýip, gülümjiräp aýtdy.
Gözler ajy gözýaşlardan doldy.
— Siz bu öýüň hojaýynysyňyz.
Ýahuda gyzardy-da, dodaklaryny gysdy. Ýüzüni çytyp, Tamara seretdi, onsoň ýeňillik bilen ýylgyrdy we ýuwaşlyk bilen ýene-de sözüni dowam etdirdi:
— Ýakubyň Hudaýy daşy suw çeşmesine öwürýändir. Ol ýöne bir pikiri bilen ynsany ýok edip biler.
Ýahudanyň ýüzi çytykdy.
— Ol nirede ýaşaýar?
— Islän ýerinde. Hemme ýerde. — Ýahuda egnini gysdy. — Men özümiň hem düşünmeýän zadymy saňa düşündirip bilmeýän. — Ol uzaga bakyp durdy. — Käwagtlar men bilmek hem islemeýän...
— Siziň halkyňyz Ol barada nädip bildi?
— Ol Ybraýym we meniň kakam bilen gepleşdi.
— Biziň gepleşişimiz ýalymy? Näme üçin şunuň ýaly gudratly Hudaý adamlar bilen gepleşip, Özüni pes etdi?
— Bilemok. Ybraýym birinji gezek eşidende, Ol diňe bir sesdi. Emma Taňry özüniň islän wagty, islän görnüşinde görünýändir. Ol Ybraýym bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi. Meniň kakam ondan patany kakyp aldy. Taňrynyň perişdesi onuň biline depdi we ony hemiselik maýyp etdi. Käwagtlar bolsa, Ol düýşlerde gepleýär.
Iň soňky aýdany Ýahudany güýçli howsala salan ýalydy.
— Ol seniň bilen haçan-da bolsa bir wagt gepleşdimi?
— Ýok, Ol meniň bilen hiç haçan gepleşmez diýip umyt edýän.
— Näme üçin?
— Men onuň özüme näme diýjegini bilýärin.
Ýahuda agyr demini aldy we ýassyga egnini berip, çöregi saçaga atdy.
— Her bir Hudaý gurbanlyk talap edýändir. Nähili gurbanlygy siziň Hudaýyňyz talap edýär?
— Gulak asmaklygy. — Ýahuda sabyrsyzlyk bilen elini bulaýlap goýberdi.
— Besdir! Indi menden hiç zat barada sorama. Meni ýeke galdyr!
Tamar gyzardy-da, pyşyrdap, ötünç soran boldy. Soraglary bilen Ýahudanyň kellesini agyrdanda, ol Berşebadan tapawutly bolmady. Özüni alyp barşyndan utandy-da, ol ýerden aýrylmaklygy çözdi.
— Berşebanyň saňa hyzmat etmekligini aýdaýynmy?
— Iň oňady, goý, meni leňňeç çaksyn. Men ýeke bolmak isleýän.
Tamaryň yzy bilen otagdan Akja çykdy.
— Onuň şeýle gahar ederi ýaly sen oňa näme diýdiň?
— Men oňa ýöne birnäçe sorag berdim.
— Nähili sorag?
— Ýöne birnäçe sorag, Akja. Bu saňa hiç-hili degişli däldir.
Akja onuň Ýahudanyň atasynyň Hudaýy barada bilmeklik islegine düşünmezdi. Berşeba we onuň ogullary ýaly, Tamaryň ejesidir doganlary ýaly enekesi hem şol hudaýlyklara sežde edýärdi.
Näme üçin Tamar başgady? Näme üçin ol başga, uly bir zady küýseýärdi?
— Seniň edýän işleriň bary maňa degişlidir, — diýip, Akja nägilelik bilen aýtdy. — Men seniň enekäňmi ýa-da ýok?
— Şu gün meniň enekä mätäçligim ýok.
Tamar özüniň Ýahudanyň Hudaýy bilen gyzyklanýandygyny aýdyp bilmeýärdi. Daşdan, agaçdan we toýundan ýasalan hudaýlara sežde edýän adamlaryň arasynda ýaşap, Tamar hem özüni şol adamlar ýaly edip görkezýärdi. Hakykytda bolsa beýle däldi. Atasynyň we ejesiniň hudaýlarynyň agyzlary bardy, emma olar hiç haçan geplemeýärdiler. Olaryň gözleri bardy, emma olar görüp bilerdilermi? Olaryň aýaklary bardy, emma olar hiç haçan ýöremeýärdiler. Olar pikir edip, duýup we dem alyp bilermidiler? Tamar hakykaty görýärdi: kim olara sežde edýän bolsa, onda onuň özi hem şol hudaýlar ýaly sowuk we gazaply bolýardy. Edil Berşeba ýaly. Edil Er ýaly. Edil Onan ýaly. Wagtyň geçmegi bilen Şela hem şunuň ýaly bolar.
Ýahuda bolsa, duýgusyz we biperwaý adam däldi. Onuň ýüregi döwlüpdi. Tamar onuň ejir çekýändigini görýärdi. Näme üçin beýlekiler muny görmeýärler? Kim ony söýmelidi? Onuň aýaly! Onuň ogullary! Olar bolsa, diňe özleri barada alada edýän ýalydylar.
Ýahuda ýewreýdi we ol güýçli adamdy, ýöne Tamar onuň gaty betbagtdygyny we güýçli ejir çekýändigini görýärdi. Hatda onuň ýeke özi galanda-da, azajyk wagtlap hem ol rahatlanyp bilmeýäne meňzeýärdi. Bar zatda kesir aýaly we garagol ogullary günäkärlemek mümkin däldi. Bulardan başga-da has çuňňur we kyn sebäpler bolaýmaly. Berşeba bilýän hem bolsa, ol bu barada hiç haçan hiç kime aýtmandy. Adamsynyň ejir çekýändigi ony gyzyklandyryp hem oturanokdy. Ol her gezek Ýahuda kakasynyň ýanyna baryp gelenden soň, onuň oýlanmalara batýandygy hakynda arz edýärdi.
Bular barada oýlanýan Tamaryň ýüzi çytyldy.
Belki-de, Ýahudanyň umytsyzlygy onuň kakasynyň gaýgysy bilen baglydyr.
* * *
Ýahuda şunuň ýaly gaty çaltlyk bilen öýüne dolanmak islemändi. Sürüleriň ýanyna gidip, olara seredişdirmek gaty gowy bolardy. Özüniň bolmadyk wagtlary Er geleňsizlik edýärdi. Eýýäm üç günden soň onuň uly ogly bar jogapkärçiligi Onanyň üstüne ýükledi. Er çopan hökmünde gaty biderekdi. Haçanda bir wagt özüniňki boljak goýunlary ol halamaýardy. Möjekler goýunlaryň garynlaryny ýyrtýarkalar, Er gapdalda durýardy. Onsoň özi hem şunuň ýaly wagşy haýwan bolmaklygy isläp, möjekleri kowýardy. Ele alan gurbanlygyna soňky urguny urmaklyk Eriň keýpini göterýärdi. Onsoň ol ony gowurýardy we keýp edip iýýärdi.
Käwagtlar Ýahuda öz ogullaryna seredip, şuny görýärdi — öz öýi üçin edenleriniň bary pis bolup çykdy. Ol Şimgon bilen Lewini görýärdi. Ol özüni görýärdi.
Şeýle-de, çölüň jöwzasynda uzaklaşyp barýan Ýusuby görýärdi.
Ýusup gaçyp biler diýip Ýahuda oýlanypdy. Özi bolsa jezadan gaçar öýdüpdi.
Käwagtlar ol kenganlylaryň arasynda öňki wagtlary ýatlaýardy. Onuň dosty adullamly Hirada bar zada bir jogap bardy: «Iý, meniň doganym, iç, durmuşdan keýp al! Nirde höwes gyzyşýan bolsa, şol ýerde ot tutaşdyr».
Ýahuda hem ot tutaşdyrýardy. Ol azgynlygy küýseýärdi we onda keýplenmek isleýärdi. Köpräk içseň akylyň küteler. Ybadathananyň bihaýa jelepleri bilen ýatyp-tur we seniň duýgularyň ýuwaş-ýuwaşdan ynsabyňy iýerler. Ýusuba bolan gabanjaňlyga we gahara ýol bereniňden soň, indi beýleki duýgularyňa-da erk bermekligi kim saňa gadagan eder? Höwesleriňe ygtyýar bermekligi kim saňa gadagan eder? Ol utanjy duýmaýanyna deňeç doň ýürek bolmaklygy isledi. Belki şonda kiçi dogany baradaky ýatlamalar ony gününe goýardylar.
Emma hiç zat bu ýatlamalary öçürip, olaryň agyryny eňilleşdirmeýärdi. Olar henizem öňküsi ýaly oňa azap baryny berýärdiler.
Ýygy-ýygydan Ýahuda ýeke galyp we oý bilen asmana bakyp, Ýusuba näme bolduka diýip, öz-özüne sorag berýärdi. Müsüre gidýän ýolda oglanyň süňkleri agardymyka ýa-da nähilidir bir täsin halda ol diri galdymyka? Eger diri galan bolsa, onda ol indi umydyndan we geljeginden jyda düşen we günüň jöwzasynda, agyr işlerde işleýän gulmuka?
Ýahudanyň näme edendigi wajyp däl, çünki onuň durmuşy porsap duran ýangyn ýerdi. Ol özüniň eden işiniň jezasyndan gaçyp bilmezdi. Doganyny gözläp, halas etmekden gaty giç. Ony ölümden-de beter durmuşdan halas etmeklige gaty giçdi. Öz durmuşyny zäherlän günä bilen göreşerden gaty giçdi. Ol şunuň ýaly pis we bagyşlanmajak günä edipdi, ýagny özüniň janyny garalan bu günä bilen ol jähenneme gider. Her gezek kakasyny görende, ol utançdan dolýardy. Ökünç ony bogup barýardy. Ol Ýakubyň gözlerine seredip bilmeýärdi, çünki olarda aýdylmadyk soragy görýärdi: hakykatda Dotanda näme boldy? Sen öz doganlaryň bilen meniň söýgüli oglumy näme etdiň? Ýahuda, haçan sen maňa dogrusyny aýdarsyň?
Ýahuda häzir aýdar öýdüp gorkup, doganlarynyň özüne seredýändiklerini ol gördi.
Hatda ençeme ýyl geçenden soň hem Ýahudada öňki gahar öjügýärdi. Gabanjaňlyk oýanýardy. Ol utanjyny taşlap, gygyrmak isleýärdi: «Eger sen bizi şeýle gowy bilen bolsaň, onda näme üçin oglany ýanymyza iberdiň? Ony ýigrenýändigimizi bilibem, näme üçin ony biziň elimize berdiň? Sen şunuň ýaly körmüdiň?» Onsoň adaty bolşy ýaly ýene-de agyry dolanýardy. Söýgüli aýalynyň ogludygy üçin Ýusup Ýakubyň hem söýgüli ogludy. Ýusup kakasynyň söýgüsini gazanypdy. Doganlarynyň özlerine ýaranmaklyk islänlerinde, Ýusup bolsa kakasynyň buýruklaryny höwes bilen ýerine ýetirip, diňe oňa ýaranmak isleýärdi. Her gezek Ýahuda Ýusubyň satylmagynyň günäsini öz üstünden aýyrmak isläninde, ol ýene-de şepbik ýaly oňa ýapyşardy. Günä oňa berk ýapyşypdy, içine çuňňur aralaşypdy we gany hem garalypdy. Ol özüniň günäkärdigini bilýärdi.
Indi bolsa Eriň ýaşajyk aýaly ondan Hudaý barada soraýar. Ýahuda Ol barada gürrüň etmek islemedi. Ol barada pikir edesi gelenokdy.
Emma ol eýýäm tizden Ony görer.
* * *
Şela bilen Onanyň sürüleri öýe getirmeklerini aýtmaklygy üçin Ýahuda hyzmatkäri iberdi. Onsoň ol Berşebanyň baýramçylyk naharyny taýýarlamagyny buýurdy.
— Näme sebäpden? Heniz täze aý dogmady.
— Men ogullarym bilen geljegimizi maslahatlaşmak niýetim bar.
Ol eşigini eline aldy-da, gijäniň garaňkysyna çykdy. Öýüň yşyklarynyň ýalpyldysy bilen iňňirdegen aýalyň hüňňürdisinden ol garaňkylygy we gijäniň guşlarydyr haýwanlaryny oňat saýdy.
Berşeba onuň yzy bilen çykdy.
— Olar eýýäm öz geljegini bilýärler! Olar ençeme gezek bu barada aýtdylar!
— Olar meniň bilen maslahatlaşmadylar!
Berşeba agzyny eli bilen ýumdy.
— Sen meniň öýüme ýene nähili belany getirmek isleýäň, Ýahuda?
Ýahuda dişlerini gyjatdy.
— Käbir zatlary anyklaşdyrmaly.
— Nämäni?
Ol süňke ýapyşan et ýalydy we ony goýbermek islemeýärdi.
— Bar zat barada sen biziň bilen bilersiň.
— Olar meniň ogullarym. Men olary senden gowy bilýän! Näme etjekdigiňi maňa aýt. Men olary taýýarlamaga synanyşaryn.
Ýahuda gahar bilen oňa seretdi.
— Ine, bar bela şundadyr. Men saňa örän uly erk berdim we sen meniň ogullarymy heläklediň.
— Men olary heläkledimmi? Olar hut sen ýalydyrlar: kesir, bozuk we hemişe bir-birleri bilen uruşýandyrlar! Olar diňe özleri barada oýlanýarlar!
Ýahuda ol ýerden ökje göterdi.
* * *
Baýramçylygyň bela bilen gutarjakdygyny Tamar öňünden bilýärdi. Tamar, Akja we hyzmatkärler baýramçylyga taýýarlyk görýärkäler, Berşeba bolsa uzyn günläp öz hudaýlaryna hoşboý yslar tütedip, olara doga edýärdi. Gaýyn enesi keýpden gaçypdy, hemişekisinden gaharlydy we howsalaly görünýärdi. Tamar ýagdaýy kynlaşdyrmajak bolup, Ýahudanyň ogullary bilen geljigi maslahatlaşmak pikirinden näme üçin howsala düşendigini gaýyn enesinden soramady.
Er baga bakylan goýny getirdi. Belki-de, Er bu goýny ogurlan bolsa gerek diýip hyzmarkärleriň biriniň aýdanyny Tamar tötänden eşitdi, emma Berşeba ogluna hiç hili sorag bermedi. Ol goýnuň çaltlyk bilen soýlup, gowrulmagyny buýurdy. Täze çörek bişirilip, sebetlere salnypdy. Okaralary dolduryp duran miweler hem taýyndy. Berşeba ähli küýzeleri şerap bilen doldurmaklygy buýurdy.
— Suw bilen süýt dostlukly gürrüňe uly ýardam bererdi, — diýip, Tamar belledi.
Er üçin şerap gaty köpdi we ol, eldetde, serhoş bolýança içer. Berşeba bolsa muny Tamardan hem gowy bilýärdi.
Berşeba gülümsiredi:
— Erkekler şerap söýýändirler. Biz hem olara şeraby artykmajy bilen bereris.
— Emma, Berşeba...
— Öz işiň bilen bol! Bu meniň öýüm we men islänimi ederin. — Aýaklary bilen ýassyklary düzedişdirip, ol otagda gezmeleýärdi.Ýahuda baýramçylyk etmekligi buýurdy, ol baýramçylygy-da alar. Näme bolsa-da, bar zat onuň başyna düşer!
Aýalyň gözlerinde gyzgyn gözýaşlar ýalpyldadylar.
Heniz kakalary dolanmanka, Ýahudanyň ogullary eýýäm baýramçylyk naharyna başlapdylar. Olary gören Ýahuda gaharlanar diýip Tamar oýlanypdy, emma ol ýuwaşlyk bilen öz ýerinde oturdy-da, ýekeje-de söz aýtman iýmäge başlady. Ogullary eýýäm iň oňat tagamlary paýlaşypdylar. Er serhoşdy we ol öz dostlarynyň biriniň Timna ýolundan gidýän bir kör adama badak atandygy barada gürrüň berýärdi.
— Özüniň taýagyny sermeläp tapjak bolup, onuň ýylan kimin garny bilen ýolda süýrenýändigini görsediňiz! — Ol güldi-de, agzyna birnäçe üzüm dänelerini atdy. — «Aňyrda, aňyrda» diýip, men oňa aýtdym we akmak goja bar güýji bilen tozanda süýrenýärdi, emma taýagyna bolsa hiç-de ýakynlaşanokdy. Ol häzir hem şo taýda bolsa gerek.
Ol kellesini yza atyp, batly ses bilen güldi. Olar bilen ejesi-de gülýärdi.
Tamar özüniň ýigrenjini gizlemäge synanyşdy.
Er özüniň käsesini uzatdy:
— Aýal, ýene şerap.
«Aýal» sözi onuň agzynda urgy ýaly eşidildi. Heniz Tamar oňa şerap guýýarka, ol sözüni dowam etdirdi:
— Duruň, men size nädip goýny getirendigimi aýdaýyn.
Ýahuda çöregini sebede atdy.
— Sen eýýäm ýeterli geplediň. Indi men size bir zatlar aýtmalydyryn.
Er gülümsiredi.
— Hut şunuň üçin biziň barymyz şu ýere üýşdük, kaka. Seniň bize aýtjak bolýan zatlaryň baryny diňlemek üçin.
— Mirasdarym kim boljakdygyny men heniz çözmedim.
Atasynyň sözleri ýyldyrymyň yşygy ýaly boldy. Duýdansyz, otagda ümsümlik höküm sürdi. Tamar öz maşgalasyna seretdi. Agaran Berşeba ýumrugyny gysyp oturdy. Çendenaşa içilen şerap sebäpli Eriň öň hem gyzaryp duran ýüzi, indi bolsa goýy gyzyl bolupdy. Onanyň gözleri ýalpyldaýardy. Atanyň sözleri has az ýagdaýda Şela täsir etdi — ol tizara serhoş bolup, eýýäm uklap ýatyrdy.
— Men seniň mirasdaryň! — diýip, Er aýtdy. — Men seniň nowbahar ogluň!
Ýahuda ýuwaşlyk bilen oňa bakdy. Onuň garaýşy gaty we sowukdy.
— Muny men çözerin. Eger islesem, baryny hyzmatkärime bererin.
— Bu barada sen nädip oýlanyp bilýäň? — diýip, Berşeba gygyrdy.
Ýahuda oňa hiç hili üns bermedi. Ol öňküsi ýaly uly ogluna seredýärdi.
— Seniň gözegçiligiň astynda goýunlar örňemeýärler. Galyberse, seniň aýalyň-da…
Er bilen Berşeba Tamara seretdiler. Tamar bolsa gyzgyn günüň ýüzüne urandygyny duýdy. Olaryň ikisi-de bile gürlediler. Er Tamara hapa söz aýtdy, Berşeba bolsa ogluny goramaga girişdi.
— Onuň şikaýat etmäge haky ýokdur! — diýip, gaýyn enesi Tamara gazaply bakdy.
— Tamar şikaýat edip ýekeje-de söz aýtmady, — diýip, Ýahuda aýtdy, — emma azajyk bolsa-da, akyly we bir gözi bar her bir adam ogluňyň onuň bilen edýän gatnaşygyny görüp biler.
— Kakasy, eger sen onuň ýüzündäki gögertmäniň nireden peýda bolandygyny bilmek isleseň, onda men saňa aýdaýyn — birnäçe gün mundan ozal ol gapynyň ýanynda ýykyldy. Şeýle dälmi, ahyryn, Tamar? Aýtsana oňa!
— Belki-de, ýoldaky kör adama edişiň ýaly sen muňa-da badak atansyň!
Er agardy, emma gözleri bolsa, köz ýaly ýanýardy.
— Maňa degişli bolanlary sen menden aýyrmak islemersiň.
— Er, sen hemizem düşünmeýärsiňmi? Heniz men aýdýançam, saňa hiç zat degişli däldir.
Tamar hiç haçan Ýahudanyň şunuň ýaly ýuwaş, sowuk we ygtyýarlyk bilen gürlänini eşitmändi. Ruhunyň şeýle ýagdaýynda ol özüne hormaty we gorkuny çekýärdi. Tamar şu öýe gelenden bäri birinji gezek gaýyn atasyna haýran galdy. Ol Ýahuda mundan beýläk şu häsiýetini saklar diýip umyt etdi.
— Tä özüm berýänçäm, meniň elimden hiç zat alynmaz, — diýip, Ýahuda Berşeba we ogullaryna göz gezdirdi. — Men sizi şu ýere şuny aýtmak üçin üýşürdim: kim özüni oňat çopan edip görkezse, şol hem meniň sürülerimi miras alar.
— Bu synagmy? — diýip, ulumsylyk bilen Er aýtdy. — Şeýlemi? — Ol gülümsiredi. — Kaka, eger isleseň, sürüleriňi häziriň özünde Onana beräý! Ahyrynda, bu gaty wajyp diýip oýlanýaňmy? Onan goýunlara gowy seredýändir, men bolsa gylyja!
— Eden işiňe seret! — diýip, Berşeba gygyrdy. — Sen meniň ogullarymy bir-birlerine garşy öjükdirdiň.
— Men gutardym, indi näme boljakdygyny Hudaý çözer.
— Hawa, — diýip, kellesini we käsesini galdyryp, Er aýtdy. — Goý, hudaýlar çözsünler!
Er başyny galdyryp, dabaraly sözler aýdanynda, onuň eline şerap döküldi: «Kengan hudaýlarynyň şöhradyna içýärin! Özümiň birinji gyzymy Timnadaky ybadathana, birinji oglumy bolsa, ot hudaýy Mölege bermeklige ant içýärin!»
Tamar umytsyz gözýaşlaryny dökdi we şol bir wagtyň özünde Ýahuda gazap bilen ýerinden turdy.
— Ýok.
Tamar demini alyp bilmeýärdi. Ol çagalarynyň Tofet hudaýynyň odunda ölüdiklerini ýa-da hemmeleriň öňünde özlerini azgynlyga berip durandyklaryny görmeklik üçin dograrmyka?
Eriň gedemligi ot bolup ýanýardy. Ol hem ýerinden turup, gopbamsylyk bilen kakasyna seretdi.
— Seniň edýän işiň meni gyzyklandyrýandyr öýdýäňmi? Doganlarym meniň yzyma düşerler, kaka. Olar meniň edýänimi ýa-da islänimi ederler...
Ol demini dürsäp bilmeýän ýaly bolup saklandy. Onuň ýüzi üýtgäp, gorkudan gözleri ulalypdy. Elindäki käse ýere gaçdy we köýnegini hem bulady. Ol döşüne ýumruklap başlady.
Berşeba çirkin gygyrdy:
— Ýahuda, bir zatlar etsene! Oňa kömek et!
Er bir zatlar diýjek boldy, emma aýdyp bilmedi. Kimdir biriniň ellerini aýyrjak bolýan ýaly edip, ol damagyny dyrnaklary bilen dyrmalaýardy. Ejesiniň sesine çydap bilmän Şela çirkin aglap daşa ylgady, Onan bolsa Eriň dyzyna çöküşine syn edýärdi. Ýahuda ogluna tarap elini uzatdy, emma Er gowrulan etli çanaga ýüzün ýykyldy.
— Er! — diýip, Berşeba ýüzlendi. — I-ir!
Tamaryň özi we onuň ýüregi titreýärdi. Ol özüniň adamsynyň ýanyna baryp, oňa kömek etmelidigini bilýärdi, emma ýerinden gozganar ýaly gaty gorkupdy.
Berşeba Ýahudany itekledi:
— Meniň oglumdan eliňi çek. Bar zatda sen günäkär!
Ýahuda ony yza itekläp, dyzyna çökdi. Ol elini oglunyň damagyna goýdy. Ýahuda yza çekilende, Tamar onuň gözlerinde elhenç zady gördi.
— Ol öli.
— Bolup bilmez! — diýip, Berşeba Eriň ýanynda dyza çökdi. — Sen ýalňyşýarsyň, Ýahuda. Ol serhoş. Ol ýöne...
Ogluny ýüzin öwürdi-de, oňa seretdi we çirkin gygyrdy.
Üçünji bap
Tamar Ýahudanyň maşgalasy bilen bilelikde adamsy üçin däp boýunça kesgitlenen ýas günlerini tutdy. Ogluny Hudaýyň urandygyna Ýahuda berk ynanýardy, Berşeba muňa ynanmakdan boýun gaçyrýardy we teselli tapmaýardy. Onan gamgyn bolan bolýardy, emma Tamar onuň özlerini Eriň dostlary hasaplaýan kenganly oglanlar bilen gygyryşyp gülüşýändigini görýärdi.
Tamar öz duýgularyndan utanýardy. Aýaly etmeli bolşy ýaly Tamar hem öz adamsy barada gamgyn bolmak isleýärdi, emma özüniň gaýgydan däl-de, ýeňillikden aglaýandygyna düşünýärdi, çünki adamsyny ýigrenýärdi. Adamsy ony gorky zyndanynda saklaýardy. Indi bolsa Tamar azat! Tamaryň duýgularyna ýaşaýyş bilen ölümiň üstünden ygtyýary bolan Ýahudanyň Hudaýynyň öňündäki gorky aralaşypdy. Şu Hudaýdan Tamar hemmelerden-de beter gorkýardy. Ybraýymyň, Ishagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýahudanyň uly we iň kesir ogluny öldüreninde, Ol Tamary gaýgydan doly bolan durmuşdan azat etdi. Er öz çagalaryny gurbanlyk getirip, doganlaryny bolsa, ýoldan azaşdyrmaklyga ant içen dessine şol pursat eýýäm ölüpdi.
Emma özüniň hakyky ýagdaýy baradaky kellesine gelen we ol ýerde berk ornaşan pikir onuň duýgularyny aljyraňňylyga saldy. Ol gaýgylardan azat bolan däldi, çünki indi dul bolupdy. Tamaryň indiki ýagdaýy öňküsinden oňat däl-de, eýsem beter bolupdy! Onuň ne adamsy, ne ogly, ne-de maşgalada orny bardy. Şeýle-de ol özüniň öýüne gaýdyp baryp bilmeýärdi. Heniz Ýahuda däp boýunça Onany oňa är edip berýänçä, Tamar hiç haçan ne ogul, ne-de gyz dograr. Onuň durmuşy biderek bolar. Onuň durmuşy umytsyz bolar.
Diňe ogul ony halas edip bilerdi!
Wagt gaty haýal geçýärdi we Ýahuda hiç zat diýmeýärdi. Tamar bolsa sabyrlylyk bilen garaşýardy. Ýas gutararyra çenli Ýahuda iş barada gürlär diýip Tamar oýlanmaýardy. Ol etmeli işini eder, çünki ol paýhasly adam we maşgalasynyň ulalmagyny we abadanlaşmagyny isleýän bolsa, onda baryny bolşy ýaly galdyrmaly däldigine hem düşünýär. Ýahudanyň tohumyna birnäçe gyz we ogul gerek, bolmasa tohum ýyl-ýyldan azalyp, ahyrynda bolsa ýogalyp gider.
Tamar çaga dogurmady we bu ony işi şowuna düşmedik aýal edipdi. Ýahuda öz maşgalasy üçin, çaga dogurmaklygy üçin ony saýlapdy. Emma onuň ýagdaýy üýtgemedi — ol heniz hem Ýahudanyň saýlan gyzydy. Ol indi Onany är hökmünde berer. Onan Tamar bilen ýatyp turar we Eriň paýyna eýe boljak ogul berer. Kenganlylarda-da, jöhitlerde-de däp şeýledir. Dogan doganyny goldamalydyr.
Tamar muny bilip, Ýahudanyň haçan karar kabul etjekdigi barada aladalanmaýardy. Munuň deregine ol hemişe jöhitleriň Hudaýy barada oýlanýardy. Onuň güýji we hökümi barada oýlananda, Tamaryň ýüregi titreýärdi. Onuň kellesi soragdan doludy, emma ol Ýahudadan sorap bilmeýärdi. Ýahuda öz atalarynyň Hudaýy barada onuň bilen gürrüň etmejekdigini anyk bildiripdi.
Jogap tapjak bolup ol ýene we ýene bu soraglary kellesinde aýlaýardy, emma tapyp bilmeýärdi. Eger öz çagalaryny kengan hudaýlaryna wada berenligi üçin Hudaý Eri öldüren bolsa, onda näme üçin Berşebanyň öz çagalaryny Bagala sežde edýänler edip terbiýe bermekligine ýol beren Ýahudany Ol öldürmedi? Ýahuda ýamanlyk etdi we onda Tamara belli bolmadyk nähilidir bir boýun bolmazlyk üçin nälet bardy. Hudaýyň eliniň özüne agram salýandygyny öň Ýahuda aýdypdy. Ol muňa berk ynanýardy — diýmek, bu dogry. Ýahuda munuň näme üçindigini bilmeli, şeýle dälmi? Eger Hudaýyň gahary Ýahuda garşy bolsa, onda onuň maşgalasynyň agzalary nämä umyt baglap bilerler? Şeýle pikirler Tamaryň ýüregini gorky bilen doldurupdy.
Saňa gaharlanýan Hudaýyň ýüregini nädip ýumşatmaly? Eger senden näme isleýändigini bilseň, onda nädip Onuň ýüregini ýumşatmaly? Oňa nähili gurbanlyk getirmeli? Nähili sowgat? Ýahuda gulak asmaklyk diýipdi, emma Tamar gulak asar ýaly kanunlary bilmeýärdi. Hudaýyň gorkusy Tamar bilendi. Ýöne gorkýandygyna seretmezden, Tamar özüni rahat duýýardy. Er indi onuň hojaýyny däldi. Indi onuň durmuşy Ýahudanyň elindedi. Şu öýde ýasap, bir ýylyň içinde Tamar gaýyn atasynyň kengan hudaýlaryna gurbanlyk getirenini ýekeje gezek hem görmedi. Diňe Berşeba uly höwes bilen Bagala, Aştarota we beýleki ençeme hudaýlara sežde edýärdi. Berşeba şerap we ýag guýup, özüni pyçak bilen ýaralaýardy. Ýahuda özüni daş tutýardy we äri ýanynda wagty Berşeba hiç haçan özüniň terafimlerini saklaýan otagyny açmaýardy.
Emma Tamar Ýahudanyň hem öz Hudaýyna gurbanlyk getirýändigini-de görmändi.
Örülerini bakanda ol muny edýärdimi? Kakasy we doganlary bilen bolanda ol sežde ederdimi? Nähilidigine seretmezden, gaýyn atasy hiç haçan hiç zat barada gürrüň bermeýärdi. Berşebadan soramaklygy bolsa, Tamar ýürek edip bilmeýärdi.
Eger Ýahudanyň Hudaýy islese, onda ol Onandan çaga dogrup, öz maşgalasyny köpeltmäge synanyşýan Ýahudanyň umytlaryny amala aşyrardy. Özüniň çagalarynyň hiç haçan Mölege berilmejekdiklerini, Tofetiň odunda oturmajakdyklaryny we Aştarotyň ruhanylarynyň hemmeleriň öňündäki azgynlygyna öwredilmejekdiklerini bilse, onda Tamar rahat bolup bilerdi. Olar Tamaryň atasynyň däl-de, Ýahudanyň atalarynyň däplerine laýyklykda terbiýelenerler. Olar Berşebanyň hudaýlarynyň öňünde epilmän, Ýahudanyň Hudaýyna sežde ederler.
Tamaryň hiç bir zady anyk bilmeýändigine seretmezden, onuň ýüregi munuň dogrudygyny aýdýardy. Tamar Ýahudanyň öýünde bir ýyl ýaşap, bu ýerde Berşebanyň ýolbaşçylyk edýändigine düşündi. Diňe bir gezek Ýahuda özüniň ygtyýaryny görkezdi we uly ogly oňa garşy çykyp, dessine öldi.
Tamar Ýahudanyň ýanyna baryp, bu zatlar barada gürrüň edip bilmeýärdi. Bu Ýahuda üçin gaty duýdansyz we gaty agyryly bolardy. Ýahuda gürrüň üçin taýyn bolanynda, Tamaryň yzyndan adam iberer. Ol başga näme edip bilerdi? Tamar çaga dogurmaly ahyryn!
* * *
Ýahuda maşgalasynyň geljegini oýlapdy. Ol özüniň näme etmelidigini bilýärdi, emma Tamary çagyrmazyndan ozal ýetmiş günüň geçmegine garaşýardy. Syratly we gözel Tamar başyny dik tutup, ýüzündäki ýüňli gara örtgüsi bilen Ýahudanyň öňünde duranynda, Ýahuda onuň özgerendigine düşündi. Onuň ýüzünde indi hiç hili şikes yzlary ýokdy. Bedeni sagdyn we owadandy. Ýöne olardan-da uly bir zat bardy. Tamar Ýahuda çynlakaý we asudalyk bilen seredýärdi. Bu indi bir wagtlar Ýahudanyň öz öýüne Er üçin getiren titreýän gyz-gelni däldi.
Tamaryň Eri hiç haçan söýmändigini Ýahuda bilýärdi. Ol äre goýulmaly hormaty Ýahudanyň ogluna goýýardy. Ol Eriň Tamary urýandygyny bilýärdi, emma ol onuň gorkak it ýaly ýygrylýanyny hiç görmändi. Tamar özüniň takdyry bilen ylalaşypdy we onuň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin ýadaman hyzmat çekýärdi. Tamar onuň ähli buýruklaryny ýerine ýetirýärdi. Indi bolsa Tamar onuň çözgüdini kabul eder we ony berk tutar.
— Men saňa är hökmünde Onany berýärin we sen Er üçin ogul dogrup bilersiň.
— Meniň jenabym, — diýip, Tamar onuň öňünde dyza çökdi.
Ýahuda biçäre gyzjagazy rahatlandyrar we goldar ýaly ýene bir zatlar aýtmak isledi. Emma ol Eri kemsitmän näme diýip bilerdi? Uly oglunyň ýamanlyga ymtylýandygynyň parhy ýok. Näme bolsa-da, Er Ýahudanyň nowbahar ogludy. Er ilkinji bolup onuň erkeklik güýjüni görkezipdi. Özüne garşy hiç zat aýtman, ol Er barada hiç bir ýaman zat aýdyp bilmeýärdi.
Pata onuň ynsabyny ýeňilleşdirer.
— Öndemli bol-da, meniň maşgalamy köpelt, Tamar.
Onan bilen oňa gowy bolar. Özüne mälim bolşy ýaly, Ýahudanyň ikinji ogly özünden ejizlere azar berip, hoşal bolmaýardy.
Tamar ýerinden turup kellesini galdyrdy-da, Ýahuda seretdi. Tamaryň gözleriniň ýylylyga ony aljyraňňylygy getirdi. Ol kellesini yrdy:
— Gidip bilersiň.
Tamar gapa tarap ýöredi, emma ýene-de oňa seretdi.
— Jenabym, siziň bilen gürleşip bilerinmi?
Bir zat oňa gaty azar berýärdi.
Ol gaşlaryny galdyrdy.
— Maşgalaň üçin çaga dogurmaly bolýanlygyma görä, sen öz Hudaýyň ýollaryny maňa öwretmezmiň?
Ol doňup galdy.
— Wagt gelende men bu barada Onan bilen gürleşerin.
— Bu wagt eýýäm geçdi.
Ýahuda ýumrugyny gysdy.
— Sen maňa käýinç yglan edip bilýäňmi?
— Ýok, jenabym, — diýip, Tamar çekinip aýtdy we soldy. — Bagyşla. Meniň diýjek bolýan zadym...
Ýahuda onuň gözleriniň gözýaşdan dolandygyny gördi, emma haýyşyny ýerine ýetirmedi.
— Meni ýeke galdyr.
Gözlerini ýumdy-da, buýruk beriji halda kellesini hereketlendirdi. Tizara ol daşlaşyp barýan aýak seslerini eşitdi.
Näme üçin Tamar hemişe Hudaý barada soraýar? Ýahuda oňa näme aýdyp biler? Hudaý elhenç gopbamsylygy üçin Eri öldürdi, şeýle-de Ýahudadan ar aldy. Göze göz, jana jan. Ýusup üçin Er.
Ýahuda barmaklary bilen saçlaryna ýapyşdy. Indi geçmişi jaýlamak mümkindir.
«...Eý adamzat, Ol nämäniň ýagşydygyny saňa bildirdi; Reb senden adalaty ýerine ýetirmekden, merhemeti söýmekden, öz Hudaýyň bilen pes göwünli gezmekden başga zady talap edýärmi?», — diýip, kakasy Ýakubyň sesi özüniň gulaklaryna pyşyrdaýan ýaly bolup eşidildi.
Ýahuda howsalalanyp, ýerinden turdy we öýden çykdy.
* * *
Tamar öz otagyna dolanyp geldi-de, gaýyn atasy bilen bolan gürrüňi Akja aýdyp berdi. Onan Tamar bilen ýatyp turmaly we Er üçin nesil döretmeli.
— Ýahuda bu barada maňa sekiz gün ozal aýdypdy, — diýip, Akja aýtdy. — Ol gün sanaýar.
Tamaryň ýüzi gyzardy.
Akja oňa seretdi-de, ýylgyrdy.
— Onan Erden gowudyr. Ol seni urmaz.
Tamar gözlerini aşak saldy. Onan hem edil Er ýaly owadandy. Ol mekirlik bilen gürlemäni başarýardy. Belki-de, onuň ýumruklary hem çekiç ýalydyr. Tamar ýuwaşlyk bilen demini aldy. Gorkynyň öz üstünden agalyk etmekligine ol ýol berip bilmez. Bu çaganyň saklanmagyna päsgel berip biler.
Bu niýete seretmezden, Tamar erbet duýgy zerarly titreýärdi. Onan tarapyndan ýumşak gatnaşyga garaşary ýaly Tamarda hiç hili esas ýokdy. Näme sebäpli? Onan hem Er ýaly şol oglanlar bilen tirkeşýärdi.
Akja Tamaryň egninden tutup, ony gujaklady.
— Şatlan, Tamar. Ýahuda Berşebanyň däl-de, seniň tarapyňy tutdy.
Tamar onuň ellirini aýyrdy.
— Akja, şeýle bir akmak bolma. Bu işde hiç kimiň tarapy ýok. Ol özüniň etmeli işini edýär.
— Etmeli işini? Sen nädip şeýle diýip bilýäň! Seniň gaýyn eneň sen barada Ýahudanyň gulaklaryny gabartdy. Berşeba Onanyň seniň bilen bir otagda bolmaklygyny islemeýär. Ýatyp turmak barada bolsa, gürrüň hem edilenok.
— Sen nädip oňa igenip bilýäň? Eger oglumy ýitiren bolsam, onda men hem edil şunuň ýaly ýas tutardym.
— Ýa-da söýgüli ärimi, — diýip, Tamar sesini peseltdi we pyşyrdy bilen şeýle diýdi:
— Erden dynandygymyza biziň barymyz şat.
Tamar onuň bilen ylalaşmajak bolup yzyna döndi.
— Tamar, sen seresap bolmalysyň, çünki Berşeba oglunyň olüminde günäkärlemek üçin kimdir-birini gözleýändir.
Tamar ýassyga egnini berdi.
— Onda ol Ýahudanyň Hudaýyna üns bermelidir.
— Ol sen günäkär diýip oýlanýar. Sen onuň ogluny jadyladyň diýip tassyklaýar.
Tamar üns bilen Akja seretdi.
— Bir zatlara päsgel berer ýaly ýa-da kömek eder ýaly bu öýde meniň nähilidir bolsa, bir ygtyýarym barmy? Men hiç zat! Ärimiň ölümi bilen men näme gazandym? Öli adamym bilen men baý boldummy? — Tamar başyny çaýkap, Akjadan gözüni aýyrdy. — Berşeba hiç kim ynanmaz. Eriň öz atasynyň Hudaýyny ret edişini hemmeler eşitdiler we onuň ölüşini gördüler.
Akja onuň öňünde aşak oturdy.
— Seniň pikiriňçe, munuň ähmiýeti barmy? — diýip, ol Tamaryň elinden berk tutdy. — Eriň häsiýeti üçin Berşebany köp zatda aýyplamak mümkin, emma seniň pikiriňçe, ol bu aýyplamalary kabul edermi?
Tamar ellirini boşatdy-da, olar bilen ýüzüni ýapdy.
— Men Ere hiç bir ýamanlyk etmedim. — Ol titräp, uludan demini aldy we bar güýji bilen synanyşýandygyna seretmezden, onuň gözlerinden gözýaşlar dökülip başlady. — Bu nähili maşgala? Bu maşgalada her kim beýlekini öldürmäge ymtylýar.
Akja barmaklarynyň uçlaryny Tamaryň dodaklaryna degirdi.
— Seniň Ere hiç bir ýamanlyk etmändigiňi men bilýärin. Ýahuda hem muny bilýär. Sen hiç haçan adamsyň barada ýaman söz aýtmadyň. Onuň bolsa seni hemişe urýandygyny hemmeler bilýärdiler, emma üns bermeýärdiler.
— Onda sen näme üçin beýle diýip bilýäň?..
— Berşeba ýaly adamlara düşüner ýaly sen heniz gaty ýaşsyň. Ol gabanjaňdyr. Ol öz ornuny ýitirmekden gorkýar we şol sebäpli hem aldaýar. Käte-käte gaýtalanýan ýalan, ahyrynda, dogry hökmünde kabul edilýändir.
— Akja, men diňe öz bolşum ýaly bolup bilýän! — Tamaryň ýaňaklaryndan akýan gözýaşlaryň yzy üzülmeýärdi. — Men diňe şunuň ýaly, ýagny, öz düşünjäme görä, iň oňat bolan durmuşy alyp baryp bilýän.
Akja özüni oňaryşdyrdy.
— Köşeşsene, mähribanym. Sen ýeňiş gazandyň. Ýahuda saňa Onany berdi. Diýmek, oglunyň ölüminde Berşebanyň seni günäkärleýändigine seretmezden, Ýahuda öz oglunyň janyny atasynyň Hudaýynyň alandygyna ynanýar. Ýöne sen Berşebadan seresap bol, çünki ol ýylan ýaly gaty mekirdir. Indi bolsa, Ýahuda karar kabul edeninde, ol sesini çykarmaz. Birnäçe wagtlap ol hiç zat etmez. Emma sen hiç haçan ýadyňdan çykarma: ol seniň duşmanyň.
— Akja, ol hemişe-de meniň duşmanymdy.
— Indi bolsa öňküsinden-de beterdir, emma Ýahuda seni gorar.
Şadyýan bolmadyk gülki bilen Tamar kellesini çaýkady.
— Ýahuda hiç haçan meniň ýanymda durmaz. Hemişekisi ýaly ol çetde durar. Onuň edeni — bu öz maşgalasyny saklamaklyk üçin wajyp bolan kararlary kabul etdi.
Özüniň gaýgysyny we umytsyzlygyny Akjanyň görmezligi üçin Tamar başga tarapa öwrüldi. Özüniň Hudaýynyň ýaşaýşyň we ölümiň üstünden ygtyýarynyň bardygyna seretmezden, Ýahuda Ol barada Tamara öwretmekden boýun gaçyrýardy.
— Bu öýe gelen günüme seredenden şu wagt maňa gaty agyr. Men bu maşgala bagt dileýän. Men öz borjumy ýerine ýetirmegi isleýärin.
— Sen ony ýerine ýetirersiň.
— Eger meniň çagalarym bolsa.
— Eger bolsa däl-de, çagalar bolanda. — Akja ýylgyrdy. — Onan saňa perzent berer. Men bu barada şübhelenmeýän.
Tamar onuň ynamlylygyny paýlaşmady. Ahyrynda Onan Eriň doganydy.
* * *
Ýahudanyň ortanjy ogly baradaky soragy çözendiginden Akja hoşaldy. Onuň maşgalasynyň biperwaýdygyny göreninde, Akjanyň ýüregi ynjalýardy. Bu öýde hiç kim Tamara mynasyp däldi. Ol owadan, hyzmatsöýer we wepaly. Käwagtlar Berşeba tarapyndan kemsitmelere, masgaralanmalara we gaharyň dökülmelerine duçar bolanynda, Tamaryň nädip özüni mertebeli alyp barýandygyna Akja üns berýärdi. Akjanyň ýüregi guwançdan dolup daşýardy. Käwagtlar bolsa öz pikirlerini aýdyp, Tamara zyýan ýetirmezlik üçin dilini dişlemeli hem bolýardy.
Ýahuda Tamara Onany bermeklige howlukmaýardy. Ahyrynda, Berşeba ony gelnine garşy edendir öýdüp, Akja aladalanmaga başlady. Enekesi Tamary edil öz hususy perzendini söýýän ýaly mähir bilen söýýärdi we Tamar bilen şeýle gatnaşyk edýändikleri onda gahary döredýärdi.
Ýahuda Akjany gözläp, ondan Tamaryň saglygyny sorady. Bu Akjany gaty begendirdi. Ýahudanyň Tamar bilen heniz hem gyzyklanýandygyna Akja düşündi we bu Ýahudany soňky soraglanmadan azat etdi.
— Göwreli bolmaklygyň iň oňat möwsümi on günden geler.
— On günden. Sen anyk bilýäňmi?
— Hawa, meniň jenabym.
Akja özüniň Tamara we Ýahudanyň maşgalasyna bolan borçlaryna berk ýapyşýardy. Gyzyň ondan hiç hili gizlin zady ýokdy. Onuň saglyna seretmeklik Akjanyň borjudy. Akja onuň aýbaşysynyň möwsümini bilýärdi. Tamaryň haýsy günler göwreli bolmaklyga taýyndygyny anyk bilmekligi üçin Akja doly aý çagyndan başlap, olary sanaýardy.
Onan baradaky sorag çözülipdi, emma Tamaryň keýpsizdigi Akjany aladalandyrýardy. Tamar hemişe oý-pikirdedi we syr saklaýan bolup başlapdy. Öň ol enekisi bilen özüniň pikirlerini paýlaşýardy, duýgularyny açýardy. Munuň gyzjagazyň aýal bolýanlygy üçindigine Akja düşünýärdi, emma ol Tamaryň durmuşyndan iň ujypsyz gaýgylanmalary-da aýyrmak isleýärdi. Ol öz gyzjagazyny gaty söýýärdi we onuň üçin diňe iň oňat dilegler arzuw edýärdi. Tamaryň näme barada oýlanýandygyny bilmeýän bolsa, onda şu wagt nädip onuň keýpini galdyryp biler? Gyzjagaz özüniň aladasy barada paýlaşmak islemeýärdi. Akja paýlaşmaklygy nygtaýardy, emma Tamar garşylyk görkezýärdi. Onan bilen ýatyp turmaklykdan Tamaryň gorkýandygyny Akja güman edip bilýärdi. Eriň onuň bilen gödek gatnaşyk edendigini göz öňünde tutsa, onda Tamara düşünip bolardy. Akja öz gyzjagazy barada gaýgylanýardy we oňa zelel ýetirmän, näme edip bolarka diýen sorag barada oýlanýardy.
Er indi öli. Gizlinlikde Akja muňa begenýärdi. Betbagt ýigit gazananyna eýe boldy. Indi ol hiç haçan Tamara el galdyrmaz. Nähili hudaýyň ony öldürendigine seretmezden, Akja oňa gaty minnetdardy. Muny ýerine ýetirmeklik üçin sanalgysyz gezek ol şeýle ygtyýara eýe bolmak isläpdi. Ýapyk gapylaryň aňyrsyndan gelýän Tamaryň basylan gykylyk seslerini eşideninde, bihuş bolmazlygy üçin gulaklaryny dykýardy.
Tamara Onandan gorkmaklygyň geregi ýokdy. Ýahudanyň ikinji ogly birinjisine meňzemeýärdi. Onan işeňňir we şöhratparazdy. Ol atasynyň sürüleri barada hut özüniňki ýaly alada edýärdi. Onanyň doganynyň mirasyndan-da köp zada eýe bolmaklyk isleginiň bardygyny Akja güman edýärdi. Ol doganynyň aýalyny-da isleýärdi. Akja onuň Tamara nähili seredýändigine üns beripdi. Belki-de, ýigidiň höwesleri söýgä öwrüler we Tamaryň durmuşy oňatlaşar.
Elbetde, Onan Tamaryň öňünde özüniň borjuny ýerine ýetirmäge ymtylar. Tamaryň dogan ilkinji ogly Eriňki bolar, emma ýene-de ogullary bolar. Olar Onanyňky bolar. Akja çagalaryň dünýä inmekliginde Tamara kömek berjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Wah, özüniň söýgüli gyzynyň ýene-de gülýändigini görer we bagt bilen şöhlelenýän gözlerine bakar! Bu barada oýlananda, gözýaşlar ony bogup başlaýardy.
Akja sübse bilen sebedi aldy-da, Tamar bilen Onanyň ýatjak otagyna girdi. Ol sebedi gapynyň alnynda goýdy-da, hyjuw bilen hyzmata başlady. Iş başynda ol otagdan ähli jynlary kowmaklyk üçin bir heňde şol bir sözleri gaýtalaýardy. Käbir jynlar höwesi saklap, göwreli bolmaklyga päsgel berýän bolsalar gerek. Olary hökman otagdan kowup, yzlaryna dolanmazlary ýaly etmeli. Bu işi ýerine ýetirmek hem Akjanyň borjudy. Ol ýaş çatynjalary gorap, olaryň bir-birlerine ýanaşmaklaryndan keýplenmeklerine münkinçilik bermeli.
Akja elinden gelenini etdi. Ol jaýyň her bir burçunyň, her bir diwarlarynyň oňatja arassalanandygyna ynamly bolmalydyr. Onsoň ol suwda hek eretdi-de, erbet jynlaryň öýe girip bilmezlikleri üçin daşly diwaryň her bir geşiklerini şol hek bilen dykyp suwady. Ol öýe gamyş boýralary getirdi-de, ony aşak düşedi. Şemdanlary hoşboý ysly ýaglar bilen doldurdy we hoşboý ysly tütetgileri jaýyň her burçunda ornaşdyrdy. Tizara otag duýgulary oýarýan we höwesleri döredýän yslar bilen dolar. Sebedinden selmelegi çykaryp, onuň köklerinden ýonuşdyrdy-da, şeraply küýzäniň ýanynda duran okara saldy. Selmelek Tamaryň tiz göwreli bolmaklygyna ýardam berer. Ahyrynda-da, ol keşdeli örtgüni çykaryp, üstünde ýaş çatynjalaryň ýatmaklary üçin ýerdäki boýrany onuň bilen örtdi.
Bosagada durup, Akja ýene-de bir gezek otaga oňatja göz gezdirdi. Bar zadyň öz ýerindedigine we hiç zadyň ýatdan çykmandygyna ol göz ýetirmeli.
Myhmanhanadan sesler we saz eşidildi. Toý dabarasy başlandy. Tizara Akja bu otaga ýaş çatynjalary getirer.
Akja ýatylýan otaga dolanyp geldi-de, bile daňylýan haltajykdan tozana öwrülen bir gysym topragy aldy. Iň soňky ätiýaçlyk hökmünde jaýyň uzakdaky diwaryndan tä gapa çenli şol topragy sepeleşdirdi. Her gezek ellerini hereketlendireninde, erbet jynlary kowmaklyk üçin ol jadylaýjy dogalar okaýardy. Tä bar zatlar ýuka gat tozan bilen örtülýänçä ol köşeşmedi. Eger nähilidir bir jyn dolanyp gelse, onda onuň bardygy hakynda ak tozandaky yzlary habar berer.
Akja gapyny berk ýapdy. Soňra gapynyň deşiklerini dykyşdyryp, otagy oňatja gorady.
Öz işinden hoşal bolan Akja dynç almak üçin oturdy. Ol Tamara şatlanmaga ýene bir sagat berer. Belki-de, bir-iki käse şerap onuň keýpini göterer. Akja ýylgyrdy-da, öz hudaýlaryna doga okady. Tizara ol ýaş çatynjalary bu otagda ýerleşdirer. Erbet ruhlaryň bu otaga girmändiklerine ol ýene-de bir gezek göz gezdirer we Tamar bilen Onany içerde galdyryp, gapyny berk ýapar, özi bolsa göwreli bolmaklyga päsgel berjek erbet ruhlary garawullar. Ol gapynyň alnynda oturyp, jynlary kowmaklyk we ýaşlaryň ýüreklerini höwes bilen urmaklyga mejbur etmeklik üçin özüniň kiçijik depregini çalyp, aýdym aýdar. Eger gabanjaň ruhlary esli salym saklamaklyk başartsa, onda Tamar göwreli bolup biler. Şonda, ahyrsoňy, bu gyzjagazy, ýagny onuň söýgüli gyzy Tamary göwreli aýal hökmünde sylarlar.
* * *
Tamar tiz wagtyň içinde Onanyň Erden tapawutlanýandygyny bildi — ol gaty hilegär we mekirdi.
Içilen şerap sebäpli kellesiniň aýlanýandygyna we duýgularyň bolsa, hoşboý yslardyr depregiň sesi zerarly ýitilenendigine seretmezden, Tamar özüniň çaga edinmekliginden Eriň doganynyň mahrum eden pursadyny aňdy. Tamar gygyryp goýberdi, emma Onan garşylyk görkeziji gykylygy basyp ýatyrmaklyk üçin ony ogşap, agzyny ýumdy. Tamar güýjüniň baryndan onuň bilen göreşdi we ahyrsoňy azat bolup, ondan daşlaşdy.
— Sen meniň namysyma degýäň! — diýip, Tamar eşigini eline aldy we onuň bilen özüni örtdi. — Şeýle-de, öz doganyňy satýarsyň!
Onan zordan demini alyp, düşek üstünde oturdy.
— Seniň bilen Erden oňat gatnaşyk etjekdigime wada berýärin.
— Sen muny oňat hasaplaýaňmy?
— Men seniň bilen mähirli bolaryn we...
— Mähirli?
Er ony masgaralapdy. Indi Onan bolsa ony ulanýardy.
— Biziň ikimiziň bir maksadymyz bar — Er üçin çaga dogurmak.
Onan oňa ýakynlaşdy.
— Biziň ikimize-de oňatdygynda näme ýamanlyk bar?
Hiç zat jogap bermän, Tamar oňa üns bilen seredýärdi.
Onanyň gözleri kiçeldi.
— Maňa özüňiň daş astyndan tapan mör-möjegiň ýaly seretme.
— Sen meniň ölen ärimiň we öz doganyňyň öňündäki borjuňy ýerine ýetirmelisiň.
— Men ýerine ýetirmeli? — Onuň ýüzi garaldy. — Meniň näme etmelidigimi görkezer ýaly sen kim?
— Sen meniň kimdigimi we meniň bu öýdäki ýagdaýymy bilýärsiň. Sen özüňiň etmeli işiňi edersiňmi ýa-da ýok?
— Sen barada alada etmekligi men wada berýärin. Sen iýmite zar bolup, öýsüz galmarsyň. Isläniňi men saňa bererin.
Tamaryň damagy ýanýardy. Ol hakykatdan hem Tamar özi bilen edil jelep aýal ýaly gatnaşyk etmeklige rugsat berer diýip hasaplaýardy. Onana seretmeklik üçin Tamar zordan ýerinden turdy.
— Senden maňa ýeke zat gerek, Onan, sen bolsa tohumy ýere dökýärsiň!
Tamar oňa onuň ýeňsiz köýnegini oklady.
Ony derrew geýip, Onan utanjyndan gyzardy, emma garaýşy bolsa öňküsi ýaly ýitidi.
— Seniň kesirligiň barada Er maňa aýdypdy. Sen meniň hem ýagdaýyma düşünmeklige synanyşyp bilerdiň.
Tamar akmak däldi. Ol Onana näme gerekdigini oňat bilýärdi. Ol Onanyň açgöz adamdygyny bilýärdi, emma hiç haçan ondan şunuň ýaly nejis adalatsyzlyga garaşmandy.
— Sen iki paý isleýäňmi — hem Eriňkini, hem-de özüňkini?
— Näme üçin men hemmesine eýe bolmaly dälmişim? Men güýjümiň baryndan zähmet çekdim.
— Seniň öz paýyň bar. Eriň paýyna seniň hukugyň ýokdur. Ol onuň oglunyňkydyr.
Onan gülümjiredi:
— Nähili oglunyňky?
Tamaryň gözleri gahar gözýaşlaryndan doldy.
— Sen özüňkiňe ýetip bilmersiň, Onan. Ulanar ýaly men jelep däldirin.
— Akyllyja bolaý, Tamar. Er haçan hem bolsa, bir wagt sürüler barada meniňki ýaly alada etdimi? Ol haçan hem bolsa bir gezek saňa mähirli boldumy? Ýekeje gezek? Doganymyň eden işleriniň bary saňa gaýgy getirdi.
— Meniň bilen nähili gatnaşyk edendigi wajyp däl we başga hiç zadyň hem manysy ýokdur! Ol seniň kakaň uly ogly. Er nowbahardyr. Sen doganyň öňünde öz borjuňy ýerine ýetirmelisiň, ýogsam onuň tohumy ýok bolar! Şu gije edeniňi eşidip, Ýahuda gaharlanmaz öýdýäňmi?
— Sen oňa aýtmarsyň.
— Men seniň günäňe gatnaşjak däldirin. Eger sen özüňkini etjek bolsaň, onda maňa nähili geljek garaşýar?
— Men seniň geljegiň barada alada ederin.
— Men öz doganyny mirasdan mahrum edýän adama bil baglamalydyrynmy?
Onan gazaba münüp, ýerinden turdy.
— Eriň ady öçmelidir! Ol ölümi gazandy! Biziň hemmämize onsuz gowy!
Tamar onuň ýigrenjine haýran galdy.
— Onan, sen meniň hukugymdan boýun gaçyrmaly dälsiň. Eger sen göwnüňdäkini amala aşyrsaň, onda bütin maşgalany aldarsyň.
Dişlerini gyjadyp, Onan ýigrenç bilen seslendi.
— Öz doganymdan meniň nädip ejir çekendigimi sen bilmeýärsiň. Her gezek ejem görmedik pursatlar, ol meni ýumruklaýardy. Onuň ölendigine men şat. Hawa, eger hakykaty biljek bolsaň, Er ölende men şatlandym. Önuň ölüşine men hoşallyk bilen syn etdim. Men aýdym aýdyp, bökjeklemek isledim. — Ol gülümjiräp ýylgyrdy. — Seniň hem şatlanandygyňa men ynanýaryn.
— Meni hem öz zalym işiňe sokma. Eriň paýy saňa degişli däldir. Ol hak boýunça ondan dünýä injek ogulyňkydyr, seniň onuň üçin berjek ogulyňkydyr.
Onan ýene-de ýatyp, tirsegine söýendi.
— Eger bermesem?
— Onan, dogrudan hem meniň senden göwreli bolmaklygymdan boýun gaçyrmaklygyň bolup biljek zat däl. Er bilen onuň adynyň hem ýitmegini sen isleýäňmi, ahyryn? Bu öz doganyňy öldüreniň bilen barabardyr.
— Ýitmek — onuň ady üçin bu iň ýerlikli söz.
Onanyň eden işi öldürmekden hem beterdi! Ol Eriň nesliniň dowam etmekliginden boýun gaçyrdy. Eger ol öz diýeninde berk dursa, onda Tamar hiç haçan çagaly bolmaz. Onda Tamar bilen näme bolar?
— Haýyş edýän, Onan. Sen beýtmeli dälsiň. Edýän işiň barada oýlan!
— Men eýýäm bu barada oýlandym. Men onuň däl-de, öz adym barada alada ederin.
— Öz doganyňyň neslini öldürmek islär ýaly sen nähili adam?
— Nähili doganymyň? Nähili heslini? — Onan güldi.
Ol Tamaryň köýneginiň bir ujuny aldy-da, onuň bilen barmaklaryny süpürdi. — Men özüme degişlileri saklamaga synanyşýan adam. — Ol gülümjiredi. — Men seni bagtly ederin. Nädip bagtly etjekdigimi görkezmegimi isleýäňmi?
Tamar onuň elinden köýnegini çekip aldy-da, ondan daşraga çekildi. Tamar Akjanyň aýdym aýdyp, depreklemegini bes etdirmeklik üçin gygyrmak isledi. Bu gije edil şarpyk çalnan ýaly boldy.
Onanyň ýüzi gataldy:
— Meniň saňa edýän teklibimden hoşal bol.
Onuň açgözlügi Tamarda ýigrenç döretdi.
— Men dymjak däldirin.
— Sen näme edip bilersiň? — diýip, Onan edil Er ýaly gülümjiredi.
— Men Ýahuda bilen gürleşip bilerin.
Onan sesli güldi:
— Baraý. Kakam seniň üçin hiç zat etmez. Ol hiç haçan hiç zat edýän däldir. Galyberse-de, seniň sözleriň meniň garşyma ugrukdyrylar we kim saňa ynanar, Tamar? Meniň ejem bütin durky bilen seni ýigrenýär. Iň erbedi-de, meniň doganymy jadylap öldürendigiňe ejem ynanýandyr. — Ol masgaralaýjy halda ýylgyrdy. — Öz tarapymdan elimden gelenini etdim, emma hudaýlar seniň göwräňi ýapypdyrlar diýip aýtmaklyk meniň üçin ýeterlikdir.
Tamar gözýaşlaryny saklamaga synanyşdy.
— Men seniň kakaňa hakykaty aýdaryn, belki-de, Ýahudanyň Hudaýy ikimiziň aramyzy çözer!
Otagdan çykmak niýeti bilen Tamar ýerinden galdy.
Onan onuň yzyndan ylgady. Tamar ondan sypjak boldy, emma ol onuň elinden gapyp, güýç bilen özüne çekdi. Tamar ýykyldy we Onan ony Akjanyň hyjuw bilen süpürişdiren ýerdäki gamyş boýra basdy.
— Baryňa kaýyl bol. Saňa berjegimden artygyny sen menden almarsyň! Eger sen maňa ýaranmaklyga synanyşmasaň, onda kakam öleninde muny-da almarsyň!
Tamar horkuldap, Onandan öwrüldi. Onan bolsa özüniň berk tutup duran elini boşatdy.
— Ýuwaş... — Onan Tamaryň ýaňagyny sypalap, onuň boýnundan ogşady. — Ýeterlikdir, meniň kiçijik mähriban gelinligim. Gygyrma.
Onuň galtaşmagy Tamarda ýigrenç döretdi.
— Eriň ölendigine hemmeler şat. Sen hem şatlanýan bolsaň gerek! — Ol Tamaryň ýaňagyny eli bilen gysyp, özüne seretmeklige mejbur etdi. — Tamar, men seni isleýärin. Biziň öýümize gelen günüňden başlap men seni isledim. Indi bolsa sen meniňki.
Onan ony ogşajak bolanda, Tamar birden ýüzüni başga tarapa aýlady. Tamar dişlerini gyjadyp, gözlerini ýumdy we gymyldamady.
— Durmuşy öz bolşy ýaly kabul etmeklige öwren. Bary-ýogy hiç zat üýtgemez.
— Oňady men ölerin.
Onan sögündi:
— Aýryl menden.
Özünden aýrylyp barýan äriniň aýagynyň astyndaky boýralar ýuwaşja şybyrdadylar. Birnäçe salymdan soň Onan uklady we onuň ynsaby gaty rahatdy.
Tamar elini kellesine goýup, bir burçda ýuwaşja ýatyrdy. Akja bolsa gapynyň alnynda söýgi aýdymlaryny aýtmagyny dowam etdirýärdi.
* * *
Bütin gije Tamar özüni ele almaklyga synanyşdy. Ol özüne bolan adalatsyz gatnaşyga garşy göreşmegi çözdi. Bu onuň haky we göreş üçin ol edermenlik görkezmeli. Elbetde, Ýahuda onuň tarapyny tutar. Çagasyz onuň maşgalasy tizara ýogalar. Ýahudanyň adyny şemal tozan kimin uçurar. Tamar edermen bolmaly. Ol özüni gorap, aç-açan sözlemeli, çünki bu betbagt maşgalada ogullar diňe özleri barada aladalanýarlar!
Heniz Onan oýanmanka, Tamar Ýahudanyň ýanyna gitdi. Ol gaýyn atasyna oglunyň edenleriniň baryna aýtdy. Öz sözleriniň subudy hökmünde Tamar boýranyň üstündäki örtgüni görkezdi. Ýahudanyň ýüzi garamtyl-gyzyl boldy.
— Sen onuň bilen diňe bir gijäni geçirdiň! Ol aklyna aýlanar. Oňa wagt ber.
Wagt? Bu Ýahudanyň aýdyp biljek zatlarynyň barymy? Oglunyň özüni aldajakdygyny bilip, Ýahuda gazaba münmelidi. Onan bütin maşgala garşy günä edýär! Onuň hereketleri hiç hili şübhe döretmeýär: ol açgözlükden doludy, onuň jezasy bolsa öldürmeklige barabardy. Öz maşgalasyna garşy edilýän günä Ýahuda nädip göz ýumup bilýär? Eriň Tamary masgaralanynyň parhy ýok — özüniň öli äriniň şunuň ýaly masgaralanmagyna ol ýol berip bilmez. Onany jogapkärçilige çagyrmaklyga Ýahudany mejbur etmeklik üçin Tamar howp jaňyny urmalymyka?
— Şeýle ýagdaýda men Onanyň özüme ýakynlaşmagyna ýol bermerin. Men başarmaryn!
Ýahudanyň gözleri ulaldy.
— Meniň maşgalam bilen näme bolup, näme bolmajakdygyny görkezer ýaly sen kim?
— Men nädip özüm bilen şeýle bolmagyna ýol berip bilerin? Men seniň nowbahar ogluň aýaly! Onanyň öz borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýandygy zerarly öz adyň ýitýändigini sen görmek islärmiň?
— Besdir, gyz!
Gahar ony doldurypdy.
— Ýahuda, men aýaldyryn we sen öz gykylygyň bilen bu kemsitme baradaky hakykaty basyp ýatyryp bilmersiň!
Öz üstüne kimdir biriniň gygyrmagyny Ýahudanyň halamaýandygyny Tamar bilýärdi, emma çaga dogurmak onuň hakydy, galyberse-de, bu onuň borjudy.
— Sen näme üçin meniň bilen jedelleşýäň? Ogullaryň dogulmagynda biziň barymyz gyzyklanýandyrys!
Eger şunuň ýaly ahlaksyzlygyň öňi alynmasa, onda Ýahudanyň tiresi bilen näme bolar?
— Ýer çagasyz işläp bejerilmez. Çagalar bolmasa, örülere sereder ýaly hem hiç kim bolmaz.
— Bu barada ýatlatmaklygyň maňa geregi ýok!
Ýahuda edil ýaralanan ýolbars kimin arlaýardy, emma Tamar aýak çekenokdy. Ýahuda Ere meňzemeýärdi. Ol aýala elini galdyrmaz. Şonuň üçin hem Tamar özüniňkini berk tutup biler.
— Çaga edinmek — meniň hukugymdyr!
Ýahuda yzyna öwrüldi we gaharyna dişini gyjadýardy.
— Gaty gowy, — diýip, ol göwünsizlik bilen aýtdy. — Özümi ele alan dessime men bu barada Onana aýdaryn. Häzirlikçe bolsa, öňküsi ýaly bolubersin. — Tamar ylalaşmajak bolanda, ol elini galdyrdy. — Men heniz sözümi gutarmadym!
Wagtyň geçmegi bilen meniň oglum seni söýüp biler. Sen bu barada oýlandyňmy? Hemmämize azar bermezligiň deregine sen munuň üçin hyzmat çekip bilerdiň. Onuň seni söýmekligi üçin eliňden gelenini et. Eger Onan seni söýse, onda ol meniň sözlerime mätäç bolman, saňa bolmalysy ýaly gatnaşyk eder.
Tamaryň ýaňaklary ýanýardy. Onan dogry aýdypdy, ýagny Ýahuda hiç zat etmez. Ol örülerini bakmaga gider we Tamaryň özüniň adalata ýetmekligine galdyrar!
— Sen öz ogluňy şeýle erbet bilýäňmi?
Er söýmeklige ukyply däldi, Onan bolsa açgözlükden we görübilmezlikden doludy. Indi uly dogany aradan çykyp, garşylyk görkezip bilmäninde, Onanyň bar islegi mümkin bolanlaryň baryny eýelemekdi. Ýahuda mirasdaryň paýyny we ölen äri üçin ogul dogurmaklyk hukugyny goramaklygyň Tamaryň özüniň işidigini göni aýdyp bilerdi. Nädip göwreli bolmaklygyň usullaryny tapmaklyk Tamaryň işidi.
— Men öz ogullarymy bilýärin, — diýip, Ýahuda Tamara seretdi-de, özüne ynamly bolup aýtdy.
Tamar gözýaşlary bilen göreşýärdi, çünki olara erk berse, onda özüni Ýahudanyň hormatlamajakdygyny bilýärdi.
— Näme üçin sen gözüň alnynda edilýän günä garşy durmaklykdan boýun gaçyrýaň? Sen hiç haçan Eri jogapkärçilige çekmediň, indi bolsa, ýüz dönderýäň, haçanda Onan...
— Durmuşymy we maşgalamy nädip dolandyrmagy maňa öwretme!
— Men Berşebanyň ýerini eýelemek islemeýärin!
Ýahuda gözlerini ulaltdy we onuň ýüzi gahardan agardy.
— Sen ýeterlik gürlediň, — diýip, öldürip barýan rahatlyk bilen aýtdy.
Tamar onuň gazabyny görýärdi, emma tolgunmaýardy. Eger ony urjak bolsa, goý onda ursun. Tamary bu öýde öň hem urýardylar we ýene-de özüniň uruljakdygyna ol şübhelenmeýärdi. Tamar Ýahuda edil owlagyň arslana bakyşy ýaly seretmez.
— Sen meniň kakama töleg bereniňde, şertnama baglaşypdyňyz. — Tamar güýjüniň baryndan ýuwaş geplemäge synanyşýardy we umytsyzlykdan gygyrmajak bolýardy. — Men seniň ogluň Eriň aýaly we ogluň aýaly hökmünde seniň gyzyň boldum. Indi sen meniň bilen edil jelep ýaly gatnaşyk etmeklerine ýol berersiňmi? Elbetde, özüniň gyz doganyny Şekemiň beginden goran adam...
— Bu gaty başga ýagdaý! — diýip, Ýahuda ony saklady.
Ýahudanyň ýüzi birden agardy.
Tamar köne ýarany gozgandygyna düşündi we şeýdip ýagdaýy köşeşdirjekdi.
— Ýahuda, men seniň maşgalaň agzasy.
Ýahudanyň ony öz gyzy hökmünde kabul etmeýändigi düşnüklidi, emma näme bolsa-da, ol Tamary hormatlamalydyr. Ol Onanyň Tamaryň hukugyny depelemegine ýol berip bilmez.
— Sabyr et, Tamar. Men Eri ýitirdim. Men Onan bilen göreşmek islemeýärin. — Umytsyzlyk bilen ol uludan demini aldy. — Nähilidir bir başga ýol bolmalydyr, ahyryn!
Başga ýol bardy, emma Tamar ol barada Ýahuda ýatlatmaga ýürek edip bilmedi. Ýahuda Tamaryň özi ýaly öňünde peýda bolýan ýeke-täk mümkinçiligi bilmelidi. Tamar kynlyk bilen demini aldy, ýaňaklary bolsa, ýanyp barýardy.
— Eger sen başga ýoly oňat tapsaň, onda kengan däbine görä özüň bu borjy ýerine ýetirmelisiň.
Ol başyny galdyrdy. Elbetde, ol Tamaryň özi ýaly bu mümkinçiligi nejis hasaplaýardy.
— Men kenganly däldirin.
— Men seniň göwnüňe degmek islemedim.
— Eger sen goýalyşan aýal bolsadyň, onda öz kynçylyklaryňy meniň üstüme ýüklemän, Onanyň özüni elinden ýitirmäge mejbur etdirip bilerdiň.
Tamaryň gözleri öýke gözýaşlaryndan doldy. Göwreli bolary ýaly ol eýýäm ýeterlik goýalyşan aýaldy. Tamardan edilýän talabyň bary şudur. Ýa-da ol ýadyndan çykardymy? Onuň ölen oglunyň öňünde borjuny ýerine ýetirmekligi üçin Tamar mekirlige baş goşmalymyka? Onandan onuň özüniň bermelisini almaklygy üçin Tamar özüni jelep ýaly alyp barar diýip, Ýahuda umyt edýärmikä? Belki-de, Tamar özüniň Timnadaky uýasynyň ýanyna baryp, ondan söýgi ylmyny öwretmegini haýyş eder diýip, Ýahuda garaşýan bolaýmagy mümkin! Onanyň öz açgözlügini ýadyndan çykarmaklygy we erksiz halda öz borjuny ýerine ýetirmekligi üçin indi Tamar özüni boýap, jaňjagazlar dakyşdyrmaly bolarmyka?
Tamar gahardan titreýärdi.
Ýahuda ýene-de jogapkärçilikden gaçýar. Ol Tamaryň öz äriniň başyny aýlamagyny we şeýdip, oglunyň bolsa, etmeli işini ýerine ýetirmegini isleýär. Şeýlelikde, Ýahuda bolsa ähli aladalardan azat bolardy.
— Men jelep aýal ýaly bolmaryn.
— Näme üçin? — diýip, ol utançsyz güldi. — Aýallar muny ýyllar boýy edýärler.
— Haçan sen adalatly bolarsyň?
— Ýok bol!
Tamar gözýaşlary bilen öýden ylgap çykdy. Akja onuň yzyndan ylgady.
— Tamar, näme boldy? Ýahuda bilen näme barada beýle gaty gürleşdiňiz?
Tamar kätmeni galdyryp, ýeri kätmenläp başlady. Onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akýardy we ol olary süpürişdirip, işlemegini dowam etdirýärdi.
— Tamar, aýtsana, Onan seniň bilen erbet gatnaşyk edýärmi? Ol Er ýalymy?
— Meni günüme goý, Akja. Rahat işlemäge mümkinçilik ber.
Ol masgaraçylyk we Ýahudanyň ejizligi barada Akja gürrüň berip, özüni öňküsinden-de uly kemsitmä duçar etmek islemeýärdi.
* * *
Nika hepdesiniň ýene alty güni galýanlygy sebäpli, ýene-de är-aýal otagy taýýarlanypdy. Özüniňkide berk durjakdygyna ynamly bolan Onanyň göwni şatdy. Akja olary taýýarlanan otaga eltende, Onan ýeňen-esger kimin başyny dik galdyryp, Tamaryň elinden tutup barýardy. Tamar bolsa, ol ökünendir we bu gezek öz borjuny ýerine ýetirer öýdüp, meýletin barýardy.
Ol bu gezek hem ony etmedi.
Äri uklady. Tamar bolsa aglap, başyny gara ýüňli örtgi bilen örtüp, uzakdaky burçda oturdy. Ol bar umydyny ýitirip, kemsitme we utanjy duýýardy. Onan onuň mertebeli geljege bolan umydyny üzdi. Eger ol özüniňkä eýe bolan bolsa, diýmek, Tamar indi hiç haçan Ýahudanyň öýi üçin çaga dogurmaz. Belki-de, Tamaryň ýagdaýynda öleniň gowudyr?
Daňdan Tamar ölümiň gelendigini aňlanda, heniz gün dogmandy.
Ölüm Onany alypdy.
Dördünji bap
Öý tolgunma bilen gabalypdy we Tamar onuň merkezindedi. Eriň ölüminde Tamaryň jogapkärdigi baradaky Berşebanyň toslamalaryna ynanmadyklar hem indi onuň iki doganlaryň hem ölüminde günäkärdigine şübhelenmeýärdiler. Hatda Tamaryň özi hem bu bolan wakada özüniň günäkär däldigine şübhelenip başlady. Bir ýylyň içinde iki är öldi? Nähili zalym takdyr! Bu nädip beýle boldy? Tamaryň duýgulary dilim-dilim bolan ýalydylar. Onan hem, Er hem oňat adam däldiler, emma gybat edýän we özlerini erbet alyp barýan birnäçe biderek adamlar bardy. Näme üçin onuň ärlerini şeýle bela tutduka?
Damak dolup, gözler ýanýardy. Tamar günäkär däl. Onuň bu geň ölümler bilen hiç bir umumy zady ýok... Emma myş-myşlar gaty elhençdiler. Gybatlar öýde jedel döredýärdiler we Berşeba hemmelerden hem beter gybat edýärdi. Nädip gaýyn enesi oňa jadygöý diýip bildikä? Ol ýekeje gezek hem hiç kimi jadylamady we ýekeje-de jadylaýjy doga okamandy. Ol özüni goramak isleýärdi, emma her gezek gürlemäge başlanda, diňleýän adamlaryň ýüzlerine seredinde, barynyň biderekdigine düşünýärdi. Olar eýýäm ýalana ynanypdylar we Tamardan gorkýardylar.
Tamar hem gorkýardy. Şu öýe gelen gününden başlap, onuň bilen edil ýigrenji hyzmarkär kimin gatnaşyk edýärdiler. Hemmeler Eriň ony masgaralaýandygyny bilýärdiler, emma muňa seretmezden, hiç kim hem onuň tarapyny tutup, ýekeje-de söz aýtmady we oňa kömek etjek bolup barmagyny-da gymyldatmady. Indi bolsa Onanyň ony öz keýpi üçin ulanýandygyna, Eriň paýyna eýe boljak Tamaryň oglundan boýun gaçyrýandygyna seretmezden, hemmeler onuň Onanyň ölümini diländigine ynanýarlar. Bu nädogry! Tamar bu öýe oňat aýal bolmak we çagalary dogurmak üçin gelipdi. Ýahudanyň atasynyň Hudaýy bu ýaş ýigitleri öldürdi. Eriň ölen güni Ýahuda şeýle diýmändimi näme?
Emma Ýahuda indi bu barada hiç zat diýmeýärdi.
Ýahuda hiç zat diýmeýärdi! Ol hemme zady görýärdi we öz betbagtçylyklaryny ýadyndan çykarjak bolup, açgözlik bilen şerap içýärdi. Berşeba bolsa ony ýalan bilen hapalaýardy. Özüniň maşgalasyny Hudaýyň gyrýandygyna ynanandan, ogullarynyň ölüminde gelnejesini günäkärlemek gaýyn atasy üçin aňsatdygyny Tamar bilýärdi. Indiki kim bolarka? Şelamy? Berşebamy?
Ýahuda Tamaryň gözlerine seredende, olarda ol güman etmekligi we gahary gördi. Öz betbagtçylygynda kimi günäkärlejegini bilmän, adam gözleýärdi. Öýde hemmeler Tamary görkezýärdiler. Bu hem oňa Tamary günäkärlemäge kömek edýärdi.
Berşebanyň ýigrenji bütin öýi gandyrypdy. Tamar ondan gaçyp bilmeýärdi. Hatda öýden daşrakda işlände-de, gaýyn enesiniň gazabyny duýýardy: «Meniň öýümde we maşgalamda onuň bolmaklygyny men islemeýärin!»
Eýýäm ýanyp duran oda üflemek bilen özüniň hususy maşgalasyny gyrýandygyna Berşeba düşünmeýärmikä? Ýahudanyň Hudaýyndan rehim barada sorasa bolmazmy? Ol Hudaýyň patasyny almak üçin näme etmelidigini Ýahudadan sorasa bolmazmy? Näme üçin Ýahuda maşgalasynyň dargamagyna ýol berip, şerap baryny içip, dymyp otyr?
Akja käte-käte Tamary yrýardy:
— Onuň bilen gürleşmäge synanyş.
— Men başarmaryn. Hatda özümi goramak üçin hem men Berşebanyň ýalanlaryna jogap bermek islemeýärin.
— Hemmeler saňa garşy!
— Eger Er bilen Onany Ýahudanyň Hudaýy alan bolsa, onda ýagdaýy düzeder ýaly men näme edip bilerin? Bu Ýahudanyň işi. Maşgalada ol hojaýyn.
— Bu öýde Berşeba hojaýyndyr.
— Ýahuda muňa ýol berdi! Men dolulygyma oňa baglydyryn. Onuň indi näme etjekdigine men diňe garaşaýmaly.
Adamlaryň näme diýip, näme oýlanýandyklaryna seretmezden, däp Şelanyň Tamara çaga bermekligini talap edýärdi. Emma özüniň ikinji ogly ölende, Ýahuda bu däbe indi eýerermikä? Eýýäm iki oglunyň mazarda bolanlarynda, ol Şelany Tamara ynanarmyka?
Özi barada edilýän elhenç gürrüňleri eşidip, Tamar gizlinlikde aglaýardy, emma adamlaryň ýanynda özüni rahat saklamaga çalyşýardy. Hatda ol Berşebanyň öňünde aklanjak bolup, özüni kemsidäýeninde-de, bu aýalyň gara ýüregini üýtgedip bilmezdi.
Haýallyk bilen hepdeler geçýärdi, ýas günleri tamamlanyp barýardy.
Tamar garaşýardy. Iru-giç onuň gaýyn atasy karar kabul etmelidir.
* * *
Ýahudanyň Tamary çagyrmazyndan ozal ýetmiş gün geçdi. Soňky hepdeler ol hiç zat bilen meşgullanman, diňe gyz barada oýlandy.
Tamaryň Şela durmuşa çykyp, ondan ogul dogurmaga hukugy bardy, emma oňa öýlense, onda özüniň soňky ogly hem öler diýip, Ýahuda gorkýardy. Berşeba bolsa Tamar zalym we ol jadygöýlik bilen meşgullanýar diýip, henizem rahatlananokdy. Emma jadygöýlik bilen meşgullanmak Tamaryň kellesine-de gelenokdy. Oňa özüni bagtly edýän we garranynda alada ederleri ýaly ogullar gerekdi. Oňa bu ogullary berjek är gerekdi. Näme üçin ol ýagty geljege eýe bolmaklykdan özüni mahrum eder? Ol perzentsiz dul aýal we onuň hiç hili umydy-da ýok.
Berşeba gatylygyna we gazaplylygyna galýardy.
— Meniň soňky oglumy berme! Eger sen muny etseň, onda men seni bütin ömür ýigrenerin! Ol Şela durmuşa çykmaly däldir!
Berşeba gozgalaň turuzmanka, ol özüniň ýasama hudaýyndan maslahat soraýardy. Jaý ýürege düşen tütetgi yslaryndan demigýärdi. Käte-käte gapa bir nätanyş ýakynlaşyp, özüniň merhumdan habar getirendigini aýdýardy.
— Tamardan azat bol. — Berşeba dälireýärdi. — Bu jenaýatkäri meniň öýümden kow!
Ýahuda Tamaryň hiç haçan jadylaýandygyny ýa-da jadylaýjy dogalar okaýandygyny görmändi, emma bu onuň şeýle işler bilen meşgullanmaýandygyny aňlatmaýardy. Özüniň kengan hudaýlaryna bütin ýüregi bilen sygynýandygy zerarly hiç hili syr saklamaýan Berşeba ýaly Tamar gaty açyk bolman hem biler.
Er bilen Onany Hudaýyň alandygyny Ýahuda bilýärdi. Belki-de, ol Tamaryň aýdyşy ýaly edip, Onanyň günäsine garşy duran bolsady... Emma Ýahuda bu barada oýlanmandy. Hudaý onuň ogullaryny alyp biler, ýöne şonda-da bu gyz erbet alamatdyr. Gyzy öz öýüne getireninden bäri, ol ýerde diňe betbagtçylyk bolýardy. Eger ol ondan dynsady, onda biraz rahatlanardy.
Şela onuň diri galan ogullarynyň iň soňkusydy. Oglany hökman goramaly. Onuň öýüne abanan belalaryň merkezi hemişe Tamardy. Ýahuda ogluny Tamara är hökmünde berip, onuň durmuşyny howp astyna salyp bilmez. Galyberse-de, Şelanyň özi hem Tamardan gorkýardy. Eger Şela Tamara öýlense, onda onuň öljekdigine Berşeba Ýahudany ynandyrýardy.
— Haçan sen adalatly bolarsyň, Ýahuda?
Tamaryň sözleri onuň ynsabyny gününe goýmaýardy, emma ol ýüregini olara garşy gataltdy. Ol öz maşgalasyny goraýar. Näme üçin ol bu howply gyza özüniň soňky ogluny bermelimiş? Ykbaly synamagyň geregi barmy? Özi bilen aýalynyň arasyndaky dawany çuňlaşdyrmagyň geregi barmy? Öz üstüne bulardan-da beter belalary almaklygyň geregi barmy?
Şeýle-de, belki Tamar göwreli bolmaklyga hiç ukyply hem däldir. Ol Er bilen bolan aýlarynyň içinde göwreli bolmady. Ol Onan üçin hem halanýan aýal bolmady we şol sebäpden hem ol Onany öz tarapyna yryp bilmedi. Näme üçin ol Şelany bu kiçijik jadygöýe bermelimiş? Şela onuň diri galan iň soňky ogludy, onuň ýeke-täk mirasdary we soňky umydydy. Ol Şelany oňa bermez!
Ýahuda oglunyň yzyndan adam goýberdi.
— Hiranyň ýanyna git-de, yzyňdan adam goýberýänçäm Adullamda gal.
Öz borjundan azat bolan Şela kakasynyň kararyny öwdi-de, sabyrsyzlyk bilen oňa boýun boldy. Ýahuda ynsabynyň tikenekleýändigini duýdy, emma tizara köşeşdi. Hatda özüniň abraýyna ysnat getirýän hem bolsa, Ýahuda öz ogluny gorady.
Akja öýden çykyp, sessiz-üýnsüz işlemäge başlanda, Tamar ýene-de bir erbet zadyň bolandygyna düşündi.
— Näme boldy, Akja?
— Ýahuda irden Şelany öýden ugratdy.
Tamaryň ýüregi aşak gaçdy.
— Ol ony sürülere seretmekligi üçin iberen bolsa gerek.
— Adullamyň ýanynda ýekeje-de süri ýokdur. Şela bolsa hut şol tarapa ugrady.
Tamar işleýän ýerine seredip, doňup galdy.
— Meniň garaşmakdan we umyt etmekden başga alajym ýok, Akja.
— Dogrudan hem sen hiç zat edip bilmersiň.
Akja möňňürip aglady.
Ýahuda Tamaryň yzyndan adam ibereninde, Tamar nähilidir bir düşündiriş eşitmeklige uly isleg bilen onuň ýanyna gitdi.Ýöne gaýyn atasyny gören dessine Akjanyň mamladygyna bada-bat düşündi. Şela gidipdi we munuň bilen indi hiç zat edip bolmaz.
— Men gaty agyr karar kabul etdim, — diýip, Ýahuda Tamaryň gözlerine seredip bilmän, haýallyk bilen aýtdy. — Äriň borçlaryny öz üstüne alar ýaly Şela gaty ýaş.
Şela Tamardan iki ýaş uludy, emma Tamar sesini çykarmady. Ýahuda bahana gözleýärdi. Olaryň ikisi-de muny bilýärdiler. Eger Tamar Ýahuda bilen jedelleşip başlasa, onda ony diňe özüne garşy ederdi. Goý, Berşeba ony özüniň ýalanlary bilen gorkuzybersin! Wagtyň geçmegi bilen hakykat aýan bolar. Häzirlikçe bolsa Tamar boýun bolar. Ol sabyrly bolar. Hatda Ýahuda özüniň gorkaklygyny görkezýän hem bolsa, Tamar özüni mertebeli alyp barar. Wagt — Tamaryň tarapdarydyr. Tamar Ýahuda gerekdir. Onuň tohumyny köpelder ýaly Ere ogul gerekdir. Emma Ýahuda Tamaryň ogul dogurmaklyk hukugyny goramadyk bolsa, onda ol bar abraýyny ýitiren adamdyr. Şeýle adama bil baglap bolarmy?
— Şela ulalanynda, men seniň yzyňdan habar ibererin.
Tamar umytsyzlyk bilen gözüni ýumdy we biynjalandy.
— Yzymdan habar iberersiň? Bu nämäni aňladýar?
Ol Ýahudanyň ýüzüni öwrenýärdi. Ýahudanyň garaýşy gataldy.
— Heniz men seniň bilen gürleşýänçäm, Berşeba seniň zatlaryňy ýygnaýandyr. Ol hyzmatkärleriň birine seni enekäň bilen ataň öýüne ugratmagyny buýrar.
— Meniň atamyň öýüne? Emma, jenabym, bu...
— Jedelleşme! — Özüni gorar ýaly Ýahuda Tamaryň agzyny açmaga-da goýmady. — Bu iň gowy çykalgadyr. Men seni çagyrýançam, sen ataň öýünde dul kimin ýaşarsyň.
— Iň gowy çykalga? — Tamar üşäp gitdi. — Maňa garşy edilen günäler zerarly meni kowýarlarmy?
— Seni kowmaýarlar. Sen ýöne öýüňe barýarsyň. Şu öý meniň öýüm. Hemişekisi ýaly sowuk we özge öý!
— Meniň öýüme garşy hiç zat diýme. Beýle karary men seniň üçin kabul etdim. Seniň barlygyň meniň öýümi uruş meýdanyna öwürdi.
— Sen adyl dälsiň!
Tamar özüni soňuna çenli masgaralap, gygyrmaga başlady.
Ýahuda beýleki tarapa bakdy.
— Seniň gözýaşlaryň meniň niýetimi üýtgedýän däldir, — diýip, Ýahuda sowuk halda aýtdy.
Gahar Tamary depeläp başlady.
— Kakam meni gujak açyp garşylar öýdýäňmi? — Ol özüniň möwç alyp barýan duýgularyny köşeşdirmäge synanyşýardy. — Meni — iki gezek dul bolanymy? Çagasyzymy? Ret edileni we kowlanymy?
Ýahuda baş bermeýärdi.
— Oňa şeýle diý, ýagny Şela ulalýança men seniň onuň öýünde dul bolup ýaşamagyňy isleýärin. Bu seýle bolanyndan soň, men seniň yzyňdan habar ibererin.
Tamar kellesini galdyryp, onuň gözlerine seretdi.
— Iberersiňmi?
— Men diýdim — ibererin.
Tamar ondan bakyşyny üzmedi. Goý, indi ol Tamardan ýüz döndereninde, özüne Tamaryň nähili ynanýandygyna syn etsin.
Ýahuda gyzardy-da, ondan gözüni aýryp, başga tarapa seretdi.
— Sen maňa ynanmaýaňmy?
Ýahudanyň haçan-da bolsa, bir wagt adalatly bolandygyny görermikä diýip öz-özünden soraýandygyna seretmezden, Tamar jogap edip sesini çykarmady.
— Men saňa wada berýärin! — diýip, Ýahuda howlukmaçlyk bilen aýtdy. — Gaty gowy! Indi sen gamgyn bolman gidersiňmi?
Tamar boýun bolup, özüne buýrulyşy ýaly etdi.
Şadyýan bolan rehimsiz Berşeba gapynyň alnynda durdy.
— Enekäň gapynyň arkasynda garaşyp durandyr.
Gözýaşlaryny zordan saklap, Tamar Berşebanyň ýanyndan geçdi, emma Berşebanyň göwni henizem hoş däldi. Ol Tamaryň yzyndan tä çykalga çenli baryp, diňe gapynyň bosagasynda saklandy.
— Senden dynandygymyza biz şat!
Tamar yzyna bakmady. Ol Akja hem seretmedi, çünki oňa seredäýse, onda ol möňňürip aglamaga başlardy we Berşebanyň göwnüni götererdi.
— Ýahuda meni atamyň öýüne iberýär.
Akjanyň gözleri ulaldy.
— Men Berşebany we onuň öýüni näletlärin.
Ol öňe ädimledi, emma Tamar onuň elinden tutup, yza çekdi.
— Muny etmersiň! Bu meniň öýüm, meniň maşgalam. Ýahudanyň näme oýlanýandygynyň parhy ýok, bu meniň ýerimdir.
Akjanyň gözleri gahar gözýaşlaryndan doldy.
— Olar saňa mynasyp däldirler, — diýip, ol ýuwaş sesi bilen aýtdy.
— Ýahuda meni saýlady, Akja. Men onuň saýlawyny ödärin diýen umyt bilen ýaşaryn. Eger sen diliňi saklap bilmeýän bolsaň, onda onuň maşgalasynyň abadançylygy üçin doga oka.
Olary ugratmaklygy üçin ne hyzmatkäri, ne-de goragçyny berdiler. Olara iki sany kiçijik arpa çöregi bilen bir meşik suw berdiler.
Öýden uzagraga daşlaşanlaryndan soň Tamar dyzyna ýykylyp, möňňürip aglamaga başlady. Ýoldan tozan toplap, ol ony kellesine sepeleşdirdi. Ony köşeşdirip bilmän, Akja hem onuň bilen bile aglady.
Zimranyň öýüne çenli az ýol galypdy. Günüň jowzasy olary güýçden gaçyrypdy, emma ýürekdäki agyrlyk olara ondan-da beter azar berýärdi. Tamar kakasynyň derwezesine ýetende, eýýäm garaňky aralaşypdy.
* * *
Zimran hemmeleriň öýden çykmaklaryny buýurdy. Akja, aýal we erkek doganlarynyň bary çaltlyk bilen çykdylar. Tamar hem kakasynyň gazabyndan gaçmak isleýärdi. Emma tä kakasynyň bütin gazabyny öz üstüne dökýänçä, Tamaryň durup, ümsüm bolmakdan başga alajy ýokdy. Belki-de, ahyrynda ol gyzyna rehim eder.
— Men seni Ýahudanyň öýi üçin çagalar dogrup, biziň öýümiziň arasynda parahatçylygy saklamaklygyň üçin beripdim. Sen meni oňaýsyz ýagdaýa saldyň! Sen biziň barymyzy oňaýsyz ýagdaýa saldyň!
Tamar özüne erk etmelidir, bolmasa ol heläk bolar.
— Şelanyň ulalalyp, meniň öňümde öz borjuny ýerine ýetirmäge taýyn bolanynda, Ýahuda meniň yzymdan adam iberer.
Zimran ýigrenç bilen oňa seretdi.
— Sen bu ýewreýe ynandyňmy? Sen akmak gyz! Şela Erden bary-ýogy azajyk kiçidir. Köp bolsa — üç ýa-da dört ýaş tapawudy bardyr. Ýahuda bolsa, onuň çaga dogurara gaty kiçidigini aýdýarmy? Heý! Eger ol gaty ýaş bolsa, onda näme üçin ony goýun gyrkymyna äkidýärler? Sen öz hukuklaryňy talap etmelidiň!
Tamar onuň eliniň badyna ýykylyp, dyzyna çökdi.
— Men elimden gelenini etdim, kaka.
— Bu ýeterlik däl! — Zimran otagda uly ädimleýärdi we onuň ýüzi çym-gyzyldy, elleri bolsa ýumruga gysylandy. — Sen yzyňa dolanman, onuň öýünde galmalydyň. Senden maňa näme peýda? Sen meniň öýüme masgaraçylygy getirdiň!
Tamar eliniň aýasy bilen titreýän ýaňaklaryny gysdy. Ýüregi gorkudan dürküldeýärdi. Ol ýeňilmejek bolup oňatja oýlanmalydyr.
— Kaka, Ýahuda wada berdi. Ol wada berdi.
— Berende näme? Ýewreýleriň wadalaryndan näme peýda bardyr? Jöhitler Şekem bilen şertnama baglaşdylar. Olar ony ýerine ýetirdilermi? Onuň ýaşaýjylary bilen näme bolandygyna seret! — Ol Tamaryň üstünde durdy. — Seniň üçin men bar jogapkärçiligimi öz üstümden aýyrýandyryn! Eger Ýahuda seni öz öýünde çydamaýan bolsa, onda näme üçin men öz öýümde çydamalydyryn? Sen bize bela getirýänsiň!
Tamar hemmesine çydamalydyr.
— Kaka, eger sen taýyn bolsaň, onda batyrgaýlyk etde, Ýahudanyň isleginden eliňi çek. Meni kow!
— Ýahudanyň islegi? Nähili islegi?
— Tohumyny köpeltmeklik.
Kakasy henizem Ýahudadan gorkýarmyka? Munuň şeýledigine Tamar diňe umyt edip bilerdi.
— Kaka, Berşeba Ýahuda üçin ogullar dograrmy? Berşeba tozan ýaly gury we daş kimin sowukdyr. Meniň öňümde öz borjuny ýerine ýetirýänçä, Ýahuda Şelany başga aýala är edip berermi? Ýahuda maşgala gurmak isleýär we öz maşgalasy üçin çaga dogurmaklygym üçin ol meni saýlady. Üýtgän zat barmy?
Kakasynyň gözleri ulaldy.
— Eger Ýahuda öz sözünde durjak bolsa, onda ol seni bu ýere ibermezdi. Senden azat bolmaklygy üçin seni yzyňa gaýtardy. Ýahudanyň belalarynyň sebäbiniň sendigini hemmeler bilýärler!
Kakasynyň sözleri nädip çakýardy! Gözlerini bolsa ajy gözýaşlar ýakyp barýardy.
— Kaka, gaýgysyny başyndan geçireri ýaly Ýahuda wagt ber. Oňa oýlanmaga wagt ber!
— Wagt! Seniň durmuşa çykanlygyň bilen gazanan peýdam indi meniň üçin ýitirildi! Sen meniň öýümdekäň, indi Ýahuda meniň meýdanlaryma öz sürülerini getirer öýdýäňmi? Örülerini meniň meýdanlaryma getirerleri ýaly indi men başga çopanlary tapmalydyryn, ýogsam meýdanlar dökünsiz galar. — Ol Tamara gahar bilen seretdi. — Senden hiç hili peýda ýok! Sen meniň öýümiň belasysyň! Meniň senden başga-da durmuşa çykmaly gyzlarym bardyr! Seniň ýaly nälet aýalyň doganlaryny haýsy erkek aýallyga alasy geler? Eger men seni öldürsem, onda Ýahuda muňa begener öýdýän!
Gaty gödek sözler Tamara ýagdyryldylar we olar urgulardan-da beter ýaralaýardy. Onuň ýüregi sandyraýardy, emma ol özüniň güýçsüzdigini görkezip bilmedi.
— Gözel göwnüň, kaka. Meni öldüräý. Oglunyň çaga edineri üçin Ýahuda meniň yzymdan iberende, gaharymdan men Tamary öldürdim diýäý!
— Onuň edişi ýaly men hem seni kowaryn.
— Ol meni kakamyň goramaklygy üçin seniň ýanyňa iberdi. Menden ýüz dönderendigiň barada sen Ýahuda aýdarsyňmy? Öz gyzyňy beýleki erkekleriň meýdanlarynda bugdaý ýygnamaklygy we gününi görmekligi üçin elini serip, jelepçilik etmekligi üçin kowduň diýip, sen bu uruşjaň-ýewreýe aýdarsyňmy? Ýahudanyň saňa dogry düşünjekdigine men ynanýan. Jöhitlere täsir etmeklik gaty aňsat, şeýle dälmi? Olar biziň bagtymyz üçin berlendirler. Olar özlerine ýetirilen öýkeleri ýadyndan çykarýandyrlar. Seniň maňa bolşuň ýaly meniň gaýyn atam hem saňa şeýle rehimli bolar!
Ol gulak asýardy. Tamar onuň düşünmekligini gazanýardy.
— Eger men masgaralanyp, onuň ogly Şela üçin biderek bolsam, onda Ýahuda seniň öýüň bilen näme eder? Men hemişelik Ýahudanyň gelni bolaryn. Şela — onuň soňky ogly. Ýahuda çagalarynyň ýoklugy zerarly tohumynyň ýitip gitmegine ýol berýän adama meňzeýärmi, näme? Ol meni saýlady! — Kakasyna berk üns berip, Tamar saklandy. — Eger sen oňa tölegi gaýtaryp bermek isleýän bolaýsaň!
Kakasy agardy. Tamar bolsa sesini peseltdi.
— Kaka, Ýahuda senden ýönekeýje zady haýyş etdi — wagtlaýynça maňa çörek, suw we ýaşar ýaly ýer ber we sen munuň üçin onuň patasyny alarsyň.
— Näçe wagtlap?
— Belki-de, birnäçe ýyldyr. Şelanyň meniň ärim bolmaklyga taýyn bolup, ulalýança.
Kakasynyň ýüreginde gorky gowuja kök urdy. Bu gorky Tamary goramaga ukyply bolan serhet bolmalydyr.
— Ýahuda saňa duşman hökmünde däl-de, tarapdar hökmünde gerekdir. Oňa garşy çykar ýaly sen güýçli dälsiň.
Kakasy gülümjiredi, gözleri bolsa mekirlendi.
— Onuň ýeke özi we ogullaryndan bolsa, indi diňe ýekejesi galdy.
Tamar üşäp gitdi. Ýahudanyň maşgalasynyň gysgalandygyny ýatladyp, Tamar onuň öýüne howp abandyrdymyka? Kakasynyň näme barada oýlanýandygyny Tamar bilýärdi. Kakasynyň alty ogly bardy. Nädip Ýahudany goramaklygy barada Tamar oýlanmaga durdy.
— Ýahudanyň birnäçe güýçli doganlary bar. Olaryň kakalary Ýakup — Sodom bilen Gomory ýumran diri Hudaý bilen gürleşýän adamdyr. Olaryň Şekem bilen edenlerini ýadyňdan çykarma. Bir gyzyň masgaralanandygy üçin bütin şäher ýumrudylypdy. Men onuň nowbahar ogly Eriň aýaly, Onanyň aýaly, wada berlen soňky ogly Şelanyň aýaly we Ýahudanyň gyzy däldirinmi, ahyryn! Onuň maşgalasyny ýok etmeklige synanyşsaň, onda Ýahuda seniň bilen näme eder?
Zimran agardy. Ol gyjynyp, dodaklaryny ýalaşdyrdy.
— Sen işlärsiň, — diýip, ol gazap bilen aýtdy. — Tä Ýahuda öz wadasyny ýerine ýetirýänçä sen garaşyp, işsiz semräp ýatmarsyň. Seni tä yzyna çagyrýança sen meniň öýümde gul bolarsyň.
Tamar ondan özüniň ýeňilleşen duýgusyny görkezmejek bolup, kellesini aşak egdi.
— Men seniň ýuwaş guluňdyryn, kaka.
— Sen biziň maşgalalarymyzy birleşdirersiň diýip umyt edipdim, — diýip, kakasy ajygyp aýtdy. — Maňa bela getirjekdigiňi ýyldyzlar aýtmandylar.
Gözýaşlar zerarly Tamar demigýärdi. Zordan özüni ele alyp, çuňňur hormat bilen şeýle diýdi:
— Haçan-da bolsa bir wagt Ýahuda saňa minnetdarlyk bildirer.
Zimran ajy gülüp:
— Şübhelenýän, emma men gyz üçin janymy howp astyna salmaryn. Sen hyzmatkärler bilen ýatarsyň. Sen aýal doganlaryň üçin gelşikli jora dälsiň.
Onuň umytlaryny aklamandygy üçin özüni kakasynyň gaharlandyrjakdygyny Tamar bilýärdi. Kellesini galdyryp, kakasyna seretdi. Kakasy ýüzüni çytyp, gözüni ondan aýyrdy.
— Gidip bilýäň.
Tamar mertebelilik bilen ýerinden turdy.
— Maňa bolan rehimiň üçin Ýahudanyň Hudaýy saňa pata bersin.
Kakasynyň gözleri kiçeldi.
— Saklan. Seniň käbir zatlar barada oýlanmagyňy isleýärin. — Garaýşy gataldy. — Sen ýaşsyň. Dul eşiginden tizara ýadarsyň. Ýyllar geçer we sen çaga dogurmaklyk üçin mümkinçiligiň gün-günden azalýandygyna üns berersiň.
— Men wepalylygymy saklaryn, kaka.
— Sen häzir şeýle diýýärsiň, emma dul eşigini çykaryp, külüňi kakyp, gara örtgüňi bolsa aýryp taşlamak isleýän wagtlaryň geler. Ýöne men saňa duýdurýaryn: eger-de sen haçan hem bolsa, bir wagt muny etseň, onda seniň takdyryňy Ýahudanyň özüniň çözmelidigini oňa aýdyryn.
Tamaryň ölüminden soň gyzgalaňly baýramçylyk etseler gerek!
— Men wepaly bolaryn. Ant içýän, ömrümiň ahyryna çenli men wepaly bolaryn. Meniň edip biljek iň soňky zadym — bu Ýahudanyň öýüne masgaraçylygy indermegim bolar!
Gözlerini örtüp duran gözýaşlara seretmezden, otagdan çykmazyndan ozal Tamar kellesini galdyrdy-da, kakasynyň gözlerine seretdi.
* * *
Bu betbagt gyzjagazdan nädip aryny aljagyny bilmän, dürli usullaryň gözleginde gynalyp ýörän Berşeba bolmadyk bolsa, onda Ýahuda Tamar barada ýadyndan hem çykarypdy. Hatda Tamaryň gideninden soň hem aýaly Ýahudany gününe goýmaýardy.
— Meniň ogullarym üçin ar alynmalydyr! Heniz ol aýal dirikä, men köşeşmerin!
Ýahuda bolsa ne ony, ne-de muny isleýärdi.
Berşeba ähli aladalary ýalta hyzmatkärlere tabşyryp, hojalygy taşlapdy, özi bolsa, gije-gündüzläp hudaýlaryndan öç almaklyk barada dileýärdi. Ol Tamaryň ölümini we Zimranyň bütin maşgalasy üçin betbagtçylygy isleýärdi.
— Gyz eýýäm gitdi! — diýip, Ýahuda gazaply gygyrdy. — Meni günüme goý, ony bolsa ýadyňdan çykar.
— Sen nädip ony ýadyňdan çykardyň!
Beýle aýyplama garşy hiç zat aýdyp bolanokdy.
— Ol zerarly meniň iki oglum mazarda ýatyrlar. Eger sen erkek bolsadyň, onda ol gyzy öldürerdiň! Onuň maňa edenini hiç haçan unutmaryn! Hiç haçan!
Ol öz butlarynyň ýanyna dolandy-da, olardan öç barada dileg edip başlady.
Ýahuda aýalyny onuň öz gaýgysy bilen ýeke galdyrdy. Onuň agylaryny daşdan edilen butlar eşidip bildilermikä? Agaçdan ýa-da daşdan edilen terafimler onuň durmuşyny özgerdip bilerlermikä? Goý, ol başarnygyndan özüne rahatlanma gözläbersin!
Ýahuda özüne ikinji aýal edinmek barada oýlanyp başlapdy. Ol aýal oňa ogullar dogrup bererdi, emma ikinji aýal baradaky pikir onda ýigrenç döredýärdi. Ol dört aýally öýde ulalypdy. Özüniň ynanýan Hudaýyna ynanýan hem bolsalar, aýallaryň erkege näçe gaýgy getirýändiklerini Ýahuda gowy bilýärdi. Onuň kakasynyň durmuşy hiç haçan ýeňil bolmandy. Ýahudanyň ejesi bilen kakasynyň söýgüli aýaly bolan Rahel ogullar dogurmaklykda bir-biri bilen bäsleşip, hemişe jedelleşýerdiler. Kämahallar bolsa, ýagdaý gaty kynlaşardy, çünki bir-birinden öňe ötjek bolup, aýallyrynyň her haýsy öz gyrnagynyň Ýakup bilen ýatyp-turmagyny nygtaýardylar. Şol sebäpli hem onuň ogullary-da gaty bäsdeşikli maşgalada ulalypdylar.
Hiç zat hem Rahelden kakasynyň ýüregini aýryp bilmändi. Ilkinji gezek gören dessine Ýakup ony söýüpdi we söýgüli aýalynyň çaga dogurýan pursadyndaky ölümi tas onuň özüni-de öldüripdi. Hakykatdan-da, ol häzire çenli şol aýalyny söýýär. Ýusup bilen Benýamynyň hut Rahelden dogulandyklary üçin ol olary beýleki ähli ogullaryndan güýçli söýýärdi.
Ýok, Ýahuda öýüne ikinji aýalyny getirip, öňküsinden-de beter şowsuzlygy öz başyna almak islemeýärdi. Islendik erkege bir aýalyň gaýgysy-da ýeterlikdir. Iki aýal — iki esse köp gaýgylanma.
Berşebany birwagtlar söýendigini ol öz-özüne käte-käte ýatladýardy. Ol Ýahudanyň ýigitlik çagynyň aýaly we ogullarynyň ejesi. Indi onuň nähili oňşuksyzdygyna seretmezden, Ýahuda Berşebany başga aýal zerarly özünden daşlaşdyrmak islemeýärdi.
Galyberse-de, özüniň bu öýe getirjek aýalyna Berşebanyň zyýan ýetirmezligi üçin ol ýene-de başga bir jaý gurmaly bolardy. Ol Berşebanyň Tamar bilen nädip gödek gatnaşyk edendigini görüpdi.
Aýaly bilen dawalardan gaçyp, Ýahuda özüniň daşly öýüni taşlaýardy-da, örüleriň ýanyna gidýärdi. Birnäçe hepdeläp öýünden gitmeklik üçin onda hemişe wajyp sebäp bardy. Ýöne aýalyndan daşda, meýdanda bolanynda-da, ony howsalalar gününe goýmaýardylar.
Onuň goýunlary we göleleri syrkawlap, olary ýyrtyjy haýwanlar dagydýardylar. Ýyrtyjylardan gorap, mallaryny ýatakda saklasa, kän ýagyş zerarly daglardan akýan suw ýataklary basardy. Suw joşgunlary mallyryň köpüsini äkidýärdi we olaryň maslygy ýyrtyjylar üçin baý iýmit bolýardy. Öýüne dolanyp gelende, ol üzümlerini mör-möjekleriň gyryp barýandyklaryny gördi. Hyzmatkärleriň ýaltaçylyklary zerarly bag hem saralypdy. Gökler onuň üçin bürünç reňkli, ýer bolsa demer ýalydy!
Hatda Berşeba hem syrkawlapdy — arryklap barýan onuň tenini kanagatsyzlygyň ajy köki zäherläpdi. Ýüzi ýitileşip, sesi sandyrapdy. Gözleri bolsa garalypdy. Ol hemişe boýnundaky, ýagyrnysyndaky we garnyndaky agyrylar zerarly zeýrenýärdi. Ýahuda tebipleri çagyrýardy, olar bolsa pul alyp, biderek serişdeleri galdyrýardylar.
Hudaý Ýahuda garşydy!
Goýunlaryň ýatagynyň bosagasynda kellesiniň aşagyna daş goýup, Ýahuda gijäň asmanyna seredýärdi we Hudaýyň birnäçe ýyl mundan ozal kakasy Ýakuba beren, şeýle-de, Ýakubyň atasy Ybraýyma beren Onuň şol wadasyny ýatlaýardy. «…Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deýin köpelderin. Bu ýerleriň hemmesini seniň nesilleriňe bererin…» Hudaý Ýakuby-Ysraýyly on iki ogul bilen patalady.
Ýahudany elhenç düýşler kowalaýardy. Düýşlerinde ol Dotanda bolan elhenç güni ýene-de gaýta-gaýta başyndan geçirýärdi. Ony özüniň aýdan sözleri gününe goýmaýardy: «Doganymyzy öldürip, ganhorlugymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?! Geliň, ony ysmaýyllara satalyň...» Onuň düýşlerinde boş gara çukur ýarylyp, ondan: «Doganlarym, kömek ediň! Kömek ediň!» diýip gygyrýan kiçi doganynyň sesleri eşidilýärdi.
Ýigidiň eliniň daňylaryny üzmäge synanyşýandygyny we gygyryp aglap, özüni goramaly adamlary kömege çagyrýandygyny Ýahuda ýadyndan çykaranokdy. «Kömek ediň!» Edil şol gündäkisi ýaly, ýagny ony Müsüre äkidenlerindäkisi we doganlarynyň bolsa, bir çetde durup, syn edenlerindäkisi ýaly doganynyň agy sesleri şu güne çenli hem onuň gulaklarynda ýaňlanýardy.
Ýahuda şonda öz doganyna rehimli bolmady.
Indi bolsa Ýahuda Hudaýdan rehime garaşmaýardy.
* * *
Tamar daşdan sadyk görünýän hem bolsa, içinden ol öz takdyry bilen ylalaşmaýardy. Garrap, perzentsiz dünýäden ötmek — onuň takdyry däldi. Eýýäm dört ýyl geçipdi, emma ol şonda-da umydyny ýitirmändi. Ol heniz ýaş we onda heniz wagt bardyr.
Hiç kime igenmeklige mümkinçilik bermän, Tamar kakasynyň öýünde gaty kän hyzmat çekdi. Ol toýun gap ýasaýardy. Sebet örüp, haly dokaýardy. Doganlarynyň meýdanda işlemekleri üçin gurallary oňarýardy. Diňe çopanlaryň öz sürülerini äkidenlerinden soň kakasy Tamary meýdana iberýärdi. Işiň agyrdygyna seretmezden, Tamar ýeke bolmaklygy isleýärdi. Daş-töwerekdäkileriň ýigrenjine çydanyňdan, agyr daşlary götereniň oňat.
Tamaryň kakasynyň işleri şowuna düşýärdi. Eýýäm üçünji ýyl ol öz meýdanlaryndan her ýyl iki gezek hasyl ýygnaýardy.
— Seniň ynanyşyňa görä saňa getirjek belalarym hany? — diýip, Tamar kakasyna garşylyk görkezip sorady.
— Garaşalyň, indiki ýylyň näme getirjekdigini göreris.
Bäş ýyllap kakasynyň öýi şeýle bir gülledi welin, hatda Tamaryň bardygy hakynda hemmeler ýatlaryndan hem çykarypdylar. Aýal doganlary durmuşa çykdylar we Tamary öýe kabul etdiler. Erkek doganlary aýallaryny getirdiler we Tamar indi rehim kabul ediji boldy. Tamar olaryň rehimi gelmeklerini kabul ederdi welin, emma ol olaryň rehimlerini ýigrenýärdi. Olar Tamara we Ýahudanyň maşgalasyna ýokardan seredýärdiler.
Tamar umydyny ýitirmändi, ol güýjüniň bary bilen ondan ýapyşýardy.
Haçan-da bolsa, bir wagt Ýahuda ony çagyrar! Haçan-da bolsa, bir wagt onuň çagalary bolar! Özüniň dünýä indiren ogullary sebäpli Ýahudanyň öýi güýçli we hormatly bolar. Tamar aglaýardy, çünki ol çaga dogurýan aýal kimin bu maşgalada öz ornuna eýe bolmak isleýärdi. Aýal başga näme barada arzuw edip biler?
Käwagtlar doganynyň ýaňyja doglan bäbeginiň mähirli seslerini eşidip, Tamar gijelerine aglaýardy. Haçan-da bolsa, bir wagt ol hem öz bäbegini elinde göterermikä?
Elbetde, Ýahuda ony ýadyndan çykarmady. Elbetde, ol onuň yzyndan iberer. Ol wada beripdi. Belki-de, ol ony şu ýyl äkider. Belki-de, indiki ýyl. Wah, tizräk bolsady!
Tamaryň ýeke özi meýdanda işlände, ol gözlerini asmana galdyrýardy we gözýaşlar onuň ýüzüni doldurýardylar. Näçe wagtlap, eý Taňrym, näçe wagtlap men taşlanan bolaryn? Haçan adalat höküm sürer? Eý, Ýahudanyň Hudaýy, maňa kömek et. Nesliniň ýitmezligi üçin wajyp bolan çagalaryň meniň berip biljekdigime Seniň ogluň haçan düşüner? Onuň ýüregini üýtget, eý Taňrym. Ýüregini üýtget.
Görünmeýän Hudaýa dileg edip, Tamar özüniň edip biljek ýeke-täk işini etdi.
Ol garaşýardy...
Garaşýardy...
Garaşýardy...
Bäşinji bap
Bazar güni kakasydyr doganlarynyň öz dostlary bilen şäher derwezeleriniň öňünde oturanlarynda, Tamar ejesi bilen geçi ýüňünden edilen çadyrda galypdy we zygyr mata satýardy. Çalasyn we dili ýiti satyn alyjylar Tamary gorkuzmaýardylar we Tamar çadyrda hojaýynçylyk edende, ol hemişe oňat girdeji getirýärdi. Şonuň üçin hem ejesi çadyry gyzyna ynanýardy.
Söwda gyzgalaňly gidýärdi we ejesiniň Timnadaky gyzy üçin tiken gyzyl köýnegine güni, aýy we ýyldyzlary keşdeleýänçä, Tamar söwda bilen meşgullanardy. Her ýyl ol täze köýnek we örtgi alýardy. Köýnek we reňkli sapaklar gaty gymmat düşýär diýip, Zimran hemişe hüňňürdeýärdi, emma aýalynyň wajyp hasaplaýan zatlaryny satyn almaklygyny ol hiç haçan gadagan etmeýärdi. Ybadathanadaky butlaryň ruhanylary üçin adat boýunça hemme zat ýokary hilli edilýärdi we Tamaryň kakasy her bir hudaýlaryň patalaryny gaty küýseýärdi. Tamaryň ejesi başga şäherlerden getirilen gyzylly-mawuly reňkli matalardan edilen köýnekdir örtgüleri owadan nagyşlardyr monjuklar bilen keşdeläp, ençeme wagtyny geçirýärdi. Ol kiçijik jaňjagazlardan aýaga dakylýan halkalar hem ýasaýardy.
Tamar özüniň ýas eşiklerini tä könelýänçä geýýärdi, ýöne ol hiç haçan uýasynyň owadan lybasyny isläp, ony dilemeýärdi. Ol özüniň kellesinden ökjelerine çenli örtýän, ýüňden edilen gara giň örtgüsinden kanagatlanardy. Ony geýimi däl-de, durmuşynyň manysyzlygy gaýgylandyrýardy. Umytsyzlyk ony bizar edipdi.
Ol beýik maksat üçin doglupdy! Ol aýal we maşgalanyň enesi bolmak üçin doglup, oňa taýýarlanypdy! Alty ýyl geçip gitdi, emma Ýahudadan ses-de gelenokdy!
Tamar ýerinden turup, nobatdaky alyjy bilen söwdalaşmaga başlady. Günüň ahyrydy we ol erkek gelin satyn almak üçin oňat mata satyn aljakdy. Tamar onuň berjek bahasy bilen ylalaşman, ýerinde oturdy. Alyjy ondan-da köpräk teklip etdi. Olar ýene-de söwdalaşyga girişdiler. Ahyrynda, ol erkek matanyň soňky bölegini satyn aldy we ol ýerden gitdi. Tamar uludan demini alyp, ejesiniň oturan çadyryna girdi.
— Maňa mawy sapaklar gerekdir. Bu guşagy gutarmaga şular ýeterlikdir öýdüpdim, emma ýetmän galdy. Bar, sapak satyn al, emma hiç ýerde eglenme.
Tamar kerwenleriň gündogardan getiren injirdir üzümleriniň, zeýtun ýagydyr ballarynyň we şerapdyr hoşboý ysly otlaryň satylýan çadyrlarynyň boýlaryndan geçip gitdi.
Söwda bilen meşgullanýan eneleriň çadyrlarynyň arkalarynda çagalar oýnaýardylar. Tamar özünden hem uly bolan dul aýallyryň hoşal görnüşde oturandyklaryny gördi. Olaryň ogullary we gelinleri bolsa, söwda bilen meşguldylar.
Tamar ejesi üçin mawy sapaklar satyn aldy we sussupeslik bilen yzyna dolandy. Aşak ol başga ýol bilen ýöredi. Bu ýerde agaçdan, toýundan we daşdan edilen terafimleri, küýzegärçilik önümlerini, sebetleri we ýaraglary satýardylar. Tamar özüne tarap gelýän iki erkegi gören-de, howsala düşdi. Olaryň biri tanyş göründi. Tamar ýüzüni çytyp, doganynyň dosty dälmikä diýip, öz-özünden sorady.
Ol ýakynlaşanda, Tamar ony tanady. Şela! Geň galyp, Tamar saklandy. Ol gür sakgala we giň egne eýe bolan uly erkekdi! Onuň dosty ýaş kenganlydy we olaryň ikisi-de owadan pyçak bilen ýaraglanandylar. Her haýsynyň egninde şeraply meşikler bardy we olaryň ikisi-de serhoşdylar. Şela kiçijik ýolda mertebeli ýörän bolýardy. Öňündäki adam bilen çaknyşyp, ony itekledi-de, sögünç baryny aýtdy. Tamar ýerinden gozganyp bilmedi we ondan gözüni aýryp bilmän seredýärdi. Ýüregi bolsa çaltlyk bilen urýardy.
— Hany! Oňa seretsene, Şela, — diýip, dosty güldi. — Biçäre dul senden gözüni aýryp bilenok. Ol senden bir zatlara garaşýan bolsa gerek!
Şela Tamar tarapa gözüni aýlady-da, gygyryp goýberdi:
— Ýolumdan aýryl.
Tamaryň ýüzi gyzaryp gitdi. Ýahudanyň ogly ony hatda tanamady! Ol edil Er ýaly ulumsy we ýigrenjidi. Ol satyjylaryň üstlerine entäp gitdi. Olaryň satyp duran toýun terafimleri ýere şakyrdap döküldi. Tä Şela bilen dosty gülüp, öz ýanyndan aýrylýança, hojaýyn harytlaryny elinden goýmady.
— Ýolumdan aýrylyň...
Tamar özüni dolduran gahar we umytsyzlyk bilen göreşýärdi. Ýahuda öz wadasyny ýerine ýetirmek barada alada-da edenokdy!
Kakasy aradan çykanda, Tamar bilen näme bolar? Ol doganynyň saçagyndan gaçan owuntyklary ýa-da özgeleriň meýdanyndaky galandy bugdaýlary çöplemeli bolarmyka? Galan ömrüniň baryny ol taşlanan aýalyň masgaralygyna döz gelmeli bolarmyka? Ýa-da töweregindäki adamlaryň rehimine zar bolarmyka? Bularyň bary — Ýahudanyň ony ýadyndan çykaranlygy sebäplidir. Bu adalatly däldir! Ýahuda aldady. Tamar hiç zatsyz galdy. Geljeksiz! Umytsyz!
Tamar kakasynyň çadyryna dolanyp gelip, ejesine mawy sapaklary berdi. Onsoň iň garaňky burça bardy-da, öwrülip oturdy.
— Sen uzak wagtlap gitdiň. Nirede eglendiň?
Ajy gözýaşlar gözlerini ýakyp barýardy, emma Tamar ejesine seretmejek boldy.
— Satyjy aýal bahasyny düşürmejek boldy.
Tamar öz masgaralygyny hemmelere göz etmez.
Ejesi oňa başga söz aýtmady, emma Tamar onuň üns bilen bakýandygyny bilýärdi.
— Saňa näme bolýar, Tamar?
— Men ýadadym.
Hawa, ol tükeniksiz garaşmadan ýadady. Ýahuda öz wadasyny ýerine ýetirer diýip umyt etmekden ýadady. Biderek durmuşyň boşlugyndan ýadady! Tamar ellerini gysdy. Oňa akylly maslahat gerek, emma ol kime ýüz tutup biler? Ol kakasy bilen gürleşip bilmezdi, çünki kakasy özüniň başdan bäri dogrudygyny aýdardy, ýagny Ýahuda ondan elini üzdi. Şeýle-de, ol ejesi bilen hem gürleşip bilmezdi, çünki ejesi durmuşy bolşy ýaly kabul etýärdi. Tamar garraýardy we oňa kömek üçin eller gerekdi. Gullary satyn alary ýaly onuň kakasy baý adamdy, emma ol girdejisini artyk däneleri saklamak üçin daşdan täze gallahana gurmaklygy makul bilýärdi.
Bazar gün ahyryna ýetýärdi we çadyrlar eýýäm aýrylypdylar. Eşege ähli zatlary ýüklemek üçin kakasy bilen doganlary wagtynda geldiler. Onsoň öýe tarap uzyn ýola düşdüler.
Tä Akja bilen ýeke galýança, Tamar Şela barada gürrüň etmedi.
— Ol seniň bilen gürleşdimi?
— Hawa, gürleşdi. Ol maňa: «Ýolumdan aýryl» diýdi.
Akjanyň rehmi gelip aglaýan seslerini basyp ýatyrmak üçin Tamar eli bilen onuň agzyny ýumdy. Soňra gözlerini ýumup, duýgularyny ele almaklyga synanyşdy. Oňsoň başyny çaýkady.
Akja ony gujaklap, arkasyny sypalady.
— Bu günüň geljekdigini men bilýärdim.
— Akja, men onuň gözüniň alnynda durdum, ol bolsa meni tanamady.
— Ýahuda seni öýüne getirende, sen ýaşajyk gyzdyň. Indi bolsa sen uly aýal. Şelanyň seni tanamandygy geň däl. Hatda Ýahudanyň hem seni tanamajakdygyna men şübhelenmeýän.
— Sen munuň näme aňladýandygyna düşünmeýärsiň!
— Näme sebäpden? Muňa düşünmedikleriň ýekejesi — sensiň.
Tamar yza çekildi.
— Men öýdüpdim, ýagny...
Akja başyny çaýkady.
— Sen umyt edipdiň. Diňe sen ol adama ynanardyň. — Akja onuň ýaňaklaryna mähir bilen ellerini degirdi. — Ol nädogry adam.
— Akja, men bir zatlar etmelidirin. Men muny beýle galdyryp bilmerin.
Olar gijäniň ýaryna çenli gürleşdiler, emma hiç hili karara gelmediler. Ahyrynda, tapdan düşen Tamar agyr uka batdy.
* * *
Ejesi ýanyna gelende, Tamar geçini sagýardy. Elhenç wakanyň bolandygyna Tamar dessine düşündi. Ol ýerinden turdy.
— Eje, näme boldy?
— Ýahudanyň aýaly aradan çykypdyr.
Ejesiniň ýygrylan ýaňaklaryndan gözýaşlar akýardy, emma gözleri ýanyp durdy.
Tamar yza çekildi we doňup galdy.
— Kim habar getirdi?
— Hiç kim! Kakaň özi bile söwda edýän ýewreý dostundan eşidipdir. Ony eýýäm jaýlapdyrlar! Oňa aglamak üçin seni hatda çagyrmadylar. — Ejesiniň gözleri garaldy we gazaply boldy. — Ýewreýler meniň gyzyma şeýle elhenç gatnaşyk edýärler we hiç kim hiç zat etmeýär. Bu meni tizara mazara elter!
Şu sözlerden soň ejesi ajygyp aglady.
Tamar yzyna öwrüldi-de, gözlerini ýumdy. Masgaralykdan soňuna çenli dynmak üçin Tamaryň ýere geresi gelýärdi.
Ejesi oňa ýakynlaşdy.
— Nähili ýagdaýda galandygyňa sen haçan düşünersiň? Doganyň Şelany bazarda görüpdir. Onuň saňa rehimi gelip, baryny kakaňa däl-de, maňa gürrüň berdi! Şela eýýäm uly adam! Ol kakasynyň öýünden giden bolaýmagy mümkin. Belki-de, ol özüne aýal alyp, göwnüniň islänini edip ýörändir. Ýahuda seni aldady!
Tamar yzyna öwrüldi. Ejesi hakykaty aýdýardy. Ýahudanyň hiç haçan ogullarynyň üstünden ygtyýary ýokdy. Ol hiç haçan Er bilen Onana öz diýenini etdirip bilmeýärdi. Näme üçin Şela bilen başgaça bolmalymyş? Ýahudanyň maşgalasynyň ähli agzalary ertirki gün barada oýlanman, diňe wagtlaýyn keýp üçin ýaşaýardylar. Geň-taň galan Tamar öňe-yza ýöreýärdi. Gygyrmazlyk üçin ol bir zat etmelidi. Ol oturyp, ýene-de geçini sagmaga başlady.
— Şunuň ýaly täzeligi eşidip, sen nädip sesiňi çykarman bilýärsiň? Bu ýigrenç adam senden ýüz öwürdi!
— Besdir! — Tamar ejesine gahar bilen seretdi. — Men Ýahuda we onuň ogullaryna garşy hiç zat diýmerin. Men adamymyň öýüne wepaly galaryn, maňa olaryň ýa-da siziň nähili garaýandygyňyzyň bolsa parhy ýokdur.
Ýeňillik bilen dilini hereketlendirişi ýaly Tamar özüniň pikirlerini hem şeýle hereketlendirmegi nädip küýseýärdi!
— Hiç bolmanda, biz seni bakýarys.
— Hiç bolmanda däl. Iýýän her bir döwüm çöregimi men gazanýandyryn.
— Kakaň seniň Kezibe barmagyňy we derwezeleriň alnynda durup, adalatlylyk barada gygyrmaklygyňy isleýär!
— Şeýlelik bilen, onuň kakasy hemmesini bilýär. Bu masgaraçylyk. Tamar maňlaýy bilen geçiniň böwrüne ýanaşdy. Gaýgylaryna aglar ýaly olar gaty çuňdular.
— Sen bireýýäm Ýahuda garşy gygyrmalydyň. — Ejesi rehimsizdi. — Bu seniň hukugyňdyr! Sen hiç zat etmän, galan durmuşyňy şu ýerde oturyp geçirjekmi? Garranyňda seni kim idär? Işläp bilmez ýaly bolanyňda, seniň bilen näme bolar? Bugdaý çöpläp bilmez ýaly bolup garranyňda, näme bolar? — Ol Tamaryň ýanynda dyza çöküp, onuň ellerini gysdy. — Goý, bu ýewreýiň saňa edenini we bizi masgaralanyny ýaşulylar bilsinler! Goý, Ýahudanyň öz antyny bozandygyny hemmeler bilsinler!
Tamar ejesine bakdy.
— Men bu adamy senden gowy bilýändirin. Eger men ony bütin Kezip bilen Adullamyň öňünde masgaralasam, onda munuň üçin ol maňa pata bermez! Eger men öz gaýyn atamy garalasam, onda ol maňa rehim edip, Şelany berermi?
Ejesi nägiledi.
— Diýmek, sen öňkiň ýaly garaşjaksyňmy? Saňa edeni bilen ylalaşarsyňmy? Ýyllaryň geçmekligine ýol berip, perzentsiz garrajakmyň?
Tamaryň gözleri agyr gözýaşlara doldy.
— Ýene näçe ýyllap sen çaga dogurmaga ukyply bolarsyň? Sen hemişe ýaş bolmarsyň! Kakaň öleninde, saňa kimiň rehmi geler?
Tamar ýüzüni ýapdy.
— Haýyş edýän, meni bizar etme! Men usul gözleýärin...
Ol aglady.
Ejesi uzak wagtlap sesini çykarmady. Ol özüniň ellerini mähir bilen gyzynyň egnine goýdy.
— Tamar, aýallaryň durmuşy agyrdyr. Erkeksiz ol hiç-de mümkin däldir.
Tamar titräp, zordan demini aldy-da, kellesini galdyrdy.
— Men muny beýlekilerden gowy bilýändirin. — Gözýaşlaryny süpürip, ol ejesine seretdi. — Men usulyny taparyn.
Ejesi bolsa, uludan demini alyp, baýyrlara tarap uzaklara bakdy.
— Kakaň bilen gürrüňdeş bolan adam Ýahudanyň aýalynyň uzak wagtlap syrkaw bolandygyny aýdypdyr. Azyndan iki ýyllap. Ol haýal we agyr ölüm bilen ölen bolsa gerek. — Birden ol sakynyp, maňlaýyny ýygyrtlady. — Ýahudanyň diňe bir aýaly barmydy?
— Diňe Berşeba.
— Kiçi aýallary ýokmudy?
— Ýok.
Tamar geçini sagýarka, toýun okara süýt syçrady. Öz işinde ünsüni jemläp, ol ejesiniň eliniň ýeňilje özüne ýanaşandygyna üns bermejek boldy.
— Ol adam Ýahudanyň adullamly dosty bilen Timna gitjekdigini aýtdy, — diýip, ejesi Tamara seretdi. Onuň sözleri edil howa aýdan ýaly boldy. Onsoň sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi:
— Tizara goýun gyrkymy baýramçylygy başlar.
Tamar ejesine seretdi. Ejesi bolsa mekirlik bilen güldi we garaýşy-da ýitidi. Başga hiç zat diýmedi. Ejesi barmaklarynyň uçlary bilen Tamaryň egnine ýeňilje ýanaşyp, aýdylanlar barada oýlandyryp, ol ýerden aýryldy.
Tamar işlemegini dowam etdirýärdi, kellesinde bolsa pikirler şemal ýaly şuwwuldaýardy. Belki-de, Ýahuda wadasyny ýerine ýetirmek isleýän hem däldir, emma Tamaryň öz hukuklary bardy. Özüniň halkynyň däplerine görä, eger Ýahuda Tamaryň ogul dogurmaklygy üçin Şelanyň Tamar bilen ýatyp-turmaklygyna rugsat bermese, onda onuň özi Tamar bilen ýatyp-turmalydyr.
Şeýlelik bilen, aýaly aradan çykanyndan soň indi Ýahuda goýun gyrkymy baýramçylygyna taýynlanýardy! Tamary dogry gaharlanma doldurdy. Timna söwdanyň we Aştarota sežde edilýän ýeriň merkezidi. Gaýyn atasynyň ol ýerde näme işlejekdigini Tamar bilýärdi. Bu şäher öz tenlerini bir döwüm çörek we şerap üçin satýan jeleplerden doludy. Eger kakasy Tamary hem öýünden kowsa, onda onuň takdyry hem olaryňky ýaly bolar.
Ýok! Ýahuda ýerine ýetirmejek wadasyny haçan ederkä diýip, indi Tamar garaşyp oturmaz. Eger ol ýakyn wagt içinde bir zatlar etmese, onda ten höweslerine gyzygan Ýahuda hak boýunça Tamara degişli bolanlaryň baryny, ýagny öz adyny özüni azdyryp bilen Timnadaky ilkinji aýala berer.
Dodaklaryny dişläp, Tamar öz mümkinçiliklerini oýlaýardy. Tamar Ýahudanyň adalat boýunça hereket etmejekdigini bilibem, ahlakly durmuş alyp baryp, garaşyp bilerdi. Ýa-da ol özüni ýolda duran jelep aýal ýaly alyp baryp bilerdi. Şela ony tanamady. Näme üçin Ýahuda ony tanamalydyr?
Tamar toýun okarany uýasy üçin ejesiniň örtgüni keşdeläp, gutaryp barýan öýüne eltdi. Okarany ýere goýup, Tamar ejesiniň dyzyndaky owadan eşige seretdi. Bu eşigi ol geýse näme bolarka?
— Bu meniň tiken örtgülerimiň iň oňadydyr. — Ejesi tikmegini bes etdirip, sapagy aýyrdy. — Ine. Taýýardyr.
Ejesi örtgüni galdyrdy.
Tamar ony alyp, seresaplyk bilen elledi.
— Örän owadan.
— Köýnege seret. — Ejesi köýnegi alyp, seretmeklik üçin Tamara uzatdy. — Uýaňa gerek bolanlaryň baryny men etdim: kellesine dakylýan daňy, örtgi, köýnek, guşak, aýagyna dakylýan halkalar we aýakgaplar. — Onsoň ol Tamara öwrüldi. — Bu örtgüni men iň soňunda tikdim.
Ejesi elini uzatdy we Tamar onuň eline örtgüni emaý bilen goýdy. Ejesiniň örtgüni emaý bilen sebede salanynda, onuň elleriniň sandyraýandyklaryna gyz üns berdi.
— Iki günden kakaň bu zatlary uýaňa iberer. Baýramçylyga onuň ähli gerekli zatlary bolmalydyr.
Gyzynyň kellesinde nähili pikiriň dörändigini ejesi göz öňüne getirip bildimikä?
— Ertir men meýdanda işlejekdirin, eje. Öýe gaty giç gelerin.
Ejesi sebedi daňyp, gyzynyň ýanyna bardy, emma oňa seretmedi.
— Eýnaýymyň çatrygyna çenli üç sagatlyk ýoldur. Sen daň atmanka ýola düşmelisiň.
Ýüreginiň titreýändigine seretmezden, Tamar hiç zat diýmedi.
Ejesi onuň kellesini özüne egdi.
— Eger Ýahuda seni tanasa, onda ol seni öldürer. Şuny bilýäňmi?
— Eger ölsem, ölerin.
— Şela boş ýaş adam. Ony aldamak ýeňil bolardy.
— Mümkin. Emma maňa ýene bir şagal gerek däldir. Men arslany saýlaýan.
* * *
Tamar oýananda, çyra heniz ýanyp durdy. Onuň ejesi gijäniň iň garaňky pursadynda çyranyň sönmezligi üçin oňa näçe ýag guýmalydygyny gowy bilýärdi. Tizden ol ýalpyldap, hut daňyň yşygynyň diwarlary ýagtylandyrjak pursadynda söner. Tamar otagda aýagynyň ujunda ýöräp, uýasynyň geýimli sebedini eline aldy we öýden çykdy.
Öçük asmanda ýyldyzlary sönüp barýan uçgunlara öwrüp, gün peýda bolup başlady. Tamar kakasynyň meýdanlary bilen olaryň arkasyndaky baýyrlara tarap çalt ýöredi. Eýnaýymyň çatrygyna ýetýänçä gün doly dogup, ýeri gyzdyrýardy. Tamar zeýtun agaçlarynyň tokaýlygyna girip, onuň içinde gizlenmegiň ugrunda boldy.
Dul geýimlerini çykaryp, uýasy üçin niýetlenen geýimleri we bezegleri geýindi. Buýra saçlaryny goýberip, olary daraşdyrdy we olar onuň ýagyrnysyny biline çenli ýapdylar. Özüniň gara örtgüsini sebede salanda, aýagyndaky jaňjagazlar jyňňyrdadylar. Sebedi ol agajyň aşagynda gizledi.
Gaýgyly, ýöne doly karara gelen Tamar ýola tarap ýöredi we tokaýyň gyrasynda, özüni ýolagçylaryň görüp bilmeýän ýerinde saklandy. Ol bütin daňy garaşyp geçirdi. Her gezek ýol boýunça aşak inýän iki erkegi göreninde, onuň ýüregi bokurdagyna urýardy, emma ol gizlenmegini dowam etdirdi. Ol Ýahuda bilen onuň adullamly dostundan başga hiç kime görünmez.
Ýoluň belent ýerinde Ýahuda bilen Hira görnenlerinde, eýýäm agşam aralaşypdy. Tamar tokaýdan çykyp, ýoluň ugrunda oturdy. Olar ýakynlaşanlarynda bolsa, Tamar ýerinden turup, öňe ädimledi. Onuň aýaklarynda jaňjagazlar jyňňyrdaýardylar we Ýahuda şol bada oňa üns berdi. Ol haýallap, aýala seretdi.
Tamaryň eliniň aýalyry derläni sebäpden ýylmanak boldular, ýüregi bolsa döşünden atylyp çykjak bolýardy. Onuň gaçyp, tokaýda gizlenesi geldi, emma ol edermenligini ýitirmezligi özüne ant içipdi. Tamar batyrgaý bolmalydyr. Erkekleri görmedik bolup, ol aşak egildi we köýneginiň etegini galdyryp, aýakgabynyň bagjyklaryny düzedişdirmäge başlady. Erkekler saklandylar.
— Biz howlukmaýandyrys, — diýip, adullamly şadyýan ses bilen aýtdy.
Ýerinden galyp, Tamar adullamly tarapa hatda bakmady. Onuň özüne ýakynlaşmagyny Tamar islemeýärdi. Tamar Ýahuda üns bilen seredýärdi — ine, ol munuň ünsüni özüne çekjekdi. Ýahuda ony tanarmyka? Özüne ýakynlaşanynda, Tamaryň demi saklandy. Ýahuda onuň alnynda saklanyp, ýylgyrdy. Onuň bakyşy Tamaryň ýokarsyndan aşagyna çenli geçip gitdi. Ýahuda ony tanamady. Ol onuň örtgi bilen ýapylan ýüzüne çalaja seretdi.
— Seniň bilen ýatmaga rugsat et, — diýdi.
Tamar özi ýaly tejribeli bolmadyk aýalyň duzaklaryna Ýahudanyň şeýle ýeňillik bilen düşendigine haýran galdy. Erkekler şeýdip jelepleriň hyzmatyny satyn alýarlarmy? Tamar indi näme diýmeli?
— Ýahuda, ol seni isleýär. — Hira gülümjiredi. — Onuň titreýşine seret.
— Çekinýän bolsa gerek. — Ýahuda gülen boldy. Sen gidiber, Hira. Men seniň yzyňdan ýeterin.
Hira pyňkyrdy:
— Özüňi aldama, meniň dostum, bu kän wagt eglär!
Hira Tamary Ýahuda bilen galdyryp, ýoldan aşak indi. Ýahuda Tamara üns berip seretdi we şol sebäpden hem Tamar tas ökje göteripdi. Ýahuda ondan gözüni aýyrmady.
— Hany, — diýip, Ýahuda seslendi, — indi biz ýekediris. Näme diýersiň?
Tamar gorkusynyň beýikdigini aýdyp bilerdi, emma gorkusy gaharyndan uly däldi. Ýedi ýyl ozal Tamar özüne Onanyň jelebe edilişi ýaly gatnaşyk etmezligini Ýahudadan haýyş edipdi! Ýahuda bolsa öz oglunyň başyny Tamaryň aýlamagyny isläpdi we şeýdip Tamar ony adalatly bolmaklyga mejbur etdirerdi.
Şu gün ol muny Ýahudanyň özi bilen eder.
Çekinip, egniniň üsti bilen Ýahuda seredip, Tamar yza çekildi.
— Sen maňa näçe tölärsiň? — diýip, Tamar aldamaklyk umydy bilen ýuwaşja sorady.
— Men öz sürümden saňa bir owlak ibererin.
Onuň sürüsi nirde? Tamaryň gahar käsesi dolýardy. Bu Ýahuda gaty meňzeýärdi — ýerine ýetirmejek işini wada bermek. Ilki ogluny. Indi owlagy! Tamar indi onuň agzyndan wada kabul etmek islemedi. Ömür boýy ondan wada kabul etmez.
— Owlak iberjekdigiňe ynamly bolmaklygym üçin sen maňa nähili girew berersiň?
Içinde möwç urýan gahary görmezligi üçin Tamar gözlerini aşak saldy. Ýahuda onuň sesinde gahary duýdumyka ýa-da sandyramany ten höwesiň netijesi hökmünde kabul etdimikä?
Ýahuda Tamara ýakynlaşdy.
— Sen näme isleýärsiň?
Tamar çalt kellesini işletdi. Ol Ýahudanyň ady ýazylan bir zada eýe bolmak isledi. Eger Tamar birden göwreli bolsa, onda ol zat Ýahudanyň bu işe gatnaşygynyň bardygyny subut etmek üçin gerek bolar.
— Maňa möhürli asma daňyňy we hasaňy ber.
Bu sözleri aýdan dessine özüniň ýüregi doňup galdy. Ol gaty uly zat sorady! Aňly bolan adamlaryň ýekejesi-de beýle haýyşy ýerine ýetirmez! Oňsoňam jelebe bu zatlaryny ynanmaz! Indi Ýahuda ony tanar. Häzir ol elini uzadyp, ýüzündäki örtgüni aýrar-da, hut şu ýoluň boýunda ony öldürer.
Ýahuda öňe hereketlenende, Tamar sandyrap gitdi. Onsoň onuň öz hasasyny uzadýandygyna düşündi! Tamar ony alyp, Ýahudanyň öz boýnundan möhürli asma daňyny çykaryp berýändigine geň galyp syn etdi. Ol garşy bolman, ýekeje-de söz aýtmady! Onuň kellesini şöwketparazlyk aýlapdy!
Ajy gaýgy Tamary basdy. Gygyryp aglamazlyk üçin ol bar güýjüni toplady. Bu adamyň adalatly bolmaklygyna şunça ýyl garaşmaklyk we şundan soň jelep hasaplaýan aýala öz öýüniň açarlaryny bermeklik onuň üçin hiç zat däldigini bilmeklik!
Gaýgy tiz geçdi we ony tolgunma çalyşdy. Tamaryň umyt etmegine esas bardy. Ol tekepbirligini taşlap, peseldi, munuň deregine bolsa, Ýahudanyň nesliniň köpelmegine bolan ýeke-täk mümkinçilige eýe boldy. Adalatlylygy dikeltmegiň wagty diýip, Akja aýdypdy. Munuň şeýledigine Tamar diňe umyt edip bilerdi.
— Şäherde seniň otagyň barmy? — diýip, Ýahuda sorady.
— Şu täsin gün, jenabym, daşly ýerden ot gaty ýumşakdyr.
Elindäki hasa bilen Tamar zeýtun agaçlarynyň tokaýlyklaryna girip gitdi. Ýahuda bolsa onuň yzyna eýerdi.
* * *
Gün gaty yssydy we Ýahuda zeýtun agajynyň aşagynda satyn alnan söýgüden keýplenip, uklap ýatyrdy. Tamar sessiz ýerinden turup, onuň ýanyndan aýryldy. Çaltlyk bilen agaçlaryň arasyndan ýöräp, gizlän sebedini tapdy we uýasynyň geýimlerini çykaryp, özüniňkileri geýdi. Boýnuna Ýahudanyň möhürli asma daňysyny dakyp, ony dul geýminiň aşagynda gizledi. Onsoň gyzyl köýnegi, örtgüni we guşagy emaý bilen sebede saldy. Jaňjagazlaryň jyňňyrdamazlyklary üçin olary köýneginiň epininiň arasyna dykdy. Kellesini aşak egip, ýuwaşja pyşyrdap: «Men diňe adalatlylygy dileýärin» diýdi.
Ýahudanyň ogullary ony masgaralap, ulandylar, Berşeba ony günäleri üçin käýeýärdi. Ýahuda bolsa öz wadasynda durman, ony taşlapdy. Emma Tamar indi Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň şahasyna sapylyp biler. Özi bu barada bilmän, Ýahuda oňa ogul berer. Eger Tamaryň bedeni onuň tohumyny kabul etse, onda Tamar Biribar Taňrynyň saýlan halkynyň arasynda öz ornuna eýe bolup biler. Eger ogul dogursa, onda ol onuň halasgäri bolar.
Geýminiň aşagynda gizlenen möhüre Tamar hormat bilen elini degirdi. Zeýtun agajynyň ýanynda ýatan hasany we sebedini alyp, öýüne ýola düşdi.
* * *
Günüň şöhleleri Ýahudanyň gabaklaryna düşüp, ony oýardy. Jelep aýal eýýäm ýokdy. Ol ony özüniň ilkinji gezek gören ýeri bolan ýoluň boýunda hem tapmady. Ol şähere gidendir öýtdi. Gaýgyly we howsalaly ýagdaýda Ýahuda syýahatyny dowam etdirdi we galan günüň dowamynda bolan waka barada ökündi. Ol özüniň nowbaharlygyny nohut çorbasyna satan Esawdan oňat däldi! Näme üçin ol ybadathana jelebine özüniň hasasyny we möhürli asma daňysyny bermeklige ylalaşdy? Ol özüniň şöwketparazlygyny gandyranyndan soň, indi bolsa özüniň zatlaryny yzyna almaklygy köýseýärdi.
Ýüregi awan Ýahuda öz dostunyň yzyndan Timnanyň golaýynda ýetdi. Özüniň gülküleri we gelşiksiz degişmeleri bilen Hira ony beter gaharlandyrdy.
— Ýahuda, seniň hasaň nirede? Aýtsana maňa...
— Ol aýala owlak iberenimde, men ony gaýtaryp alaryn.
— Özüňiň asma daňyňy möhüri bilenmi? — Hira gülüp, Ýahudanyň ýagyrnysyny şarpyklady. — Ol aýal bu baha degýändir diýip umyt edýän!
Utandyrylan Ýahuda jogap bermedi. Ol ötünç sorap, sürüleriň ýanyna giden Şelany gözlemäge gitdi. Olar goýunlaryny bilelikde gyrkýardylar. Hasyldan soň öz sürülerini olaryň meýdanlaryna getirmeklik barada Ýahuda birnäçe daýhanlar bilen gürleşipdi. Hira hem olara goşuldy, emma özlerine ýolda duşan jelep aýal barada söz aýtmaklykdan saklandy.
— Ýör gideliň, dost, dynç alyp, şatlanarys, — diýip, gaty kän içilen şerap sebäpli eýläk-beýläk entäp ýörän Hira aýtdy. — Saňa ynjalyksyzlanmagyň geregi ýok. Bary ýer-be ýer bolar. Aýallarymyzyň, ogullarymyzyň we howsalalarymyzyň ýok döwründäki günlerimizi ýatla. Timna bize kän zat hödür edip biler.
Şela bar zady başdan geçirip görmekligiň küýsegindedi. Ýahuda — ýok. Bir sagadyň keýpiniň bahasy onuň gowy ýadyndady. Oňa elindäki gysylgy hasanyň duýgusy ýetmezlik edýärdi. Tä möhürli asma daňyny gaýtaryp alýança, özüni oňat duýmajakdygyny ol bilýärdi. Ol baýramçylygyň ortarasynda öýüne gitmeklige taýyndy. Baýramçylyk gutaranyndan soň bolsa, gelen ýoly boýunça yzyna gaýdyp gitmäge özüni mejbur edip bilmejekdigine göz ýetirdi . Ol Hiranyň öňünde ötünç soramaly boldy.
— Men sürülerimi iýmitiň bol ýerine eltmelidirin. Sen Eýnaýymyň üsti bilen dolanarsyň, şeýle dälmi?
— Hawa, hemişekisi ýaly.
— Hira, men käte-käte seniň haýyşlaryňy berjaý ederdim, şeýle dälmi? Şu owlagy al-da, ony Eýnaýymyň boýundaky jelebe ber. Ondan meniň hasam bilen möhürli asma daňymy al we öýüme getirip ber. Dost, muny meniň üçin et, duşanymyzda bolsa, men seni sylaglaryn!
Hiranyň gözleri ýalpyldady.
— Elbetde.
— Men senden ýene bir zat haýyş etjek.
Hira üm bilen Ýahudanyň sözüni böldi.
— Başga söz aýtmagyň geregi ýokdur, Ýahuda. Sen meniň dostum. Menden hiç kim ýekeje-de söz eşitmez. — Ol gülümjiredi. — Şeýle-de, seniň haýyşyňy ýerine ýetirmeklik meniň üçin ýakymlydyr.
Ol ýol boýunça aşak inmäge başlady we yzyna seretmän, seýle diýdi:
— Belki-de, meniň özüm hem şol zeýtun tokaýlygynda birnäçe sagat geçirerin!
Birnäçe hepde geçeninden soň öz öýüniň ýanynda Hiranyň eli boş gelýändigini görýänçä, Ýahuda şol gyz we öz günäsi üçin oňa tölän bahasy barada oýlanmady.
— Men ony hemme ýerden gözledim, Ýahuda. Men hatda şähere-de bardym, emma çatrykda hiç hili ybadathana jelepleriniň bolmandygyny aýtdylar. Hemmeler meniň üstümden güldüler we ybadathananyň Timnada wagtynda, näme üçin şol jelebiň ybadathana jelebi hasaplaýandygymy menden soradylar.
Ýolda ybadathana jelebiniň näme işleýändigi barada Ýahuda özünden soramandy. Indi bolsa nädip bu barada öň pikirlenmändigine haýran galýardy! Utanan we gahara münen Ýahuda özüniň aldanandygyna düşündi, emma näme üçin aldandyklaryna düşünip bilmedi. Jelebe ony aldamak näme üçin gerek bolduka? Onuň hasasyndan we möhürli asma daňysyndan oňa näme peýda? Owlagy satyp, puluna bolsa, iýmit alyp bolardy. Başga biriniň, esasanda şunuň ýaly tanymal adamyň möhürini we hasasyny kim satyn alar?
— Meniň näme etmegimi isleýäň, Ýahuda? — Hira şerap ýuwutdy. — Biz bile gidip, ony şol ýerden ýene-de gözlärismi?
— Goý, ol bu girewi özünde galdyrsyn! Biz oňa owlak berip, oňadyny etjek bolduk. Eger biz ol ýere dolansak, onda oba üçin gülki bolarys.
Hira gideninden birnäçe gün geçeninden soň Ýahuda badam agajynyň göni şahasyndan kesip aldy. Ol onuň gabygyny aýyrdy-da, öz adyny ýazdy. Täze taýak oňatdy, emma bu kakasynyň öz eline tabşyran hasasy däldi. Şeýle-de, özüniň toýundan oňaran möhüri hem hakyky daş möhür däldi.
Tizara Ýahuda Eýnaýymyň çatrygynda bolan wakany doly ýadyndan çykardy.
Altynjy bap
Tamar özüniň şowuna düşen Eýnaýyma bolan syýahaty barada ejesine gürrüň bermedi we ejesi-de bu barada ondan soramady. Ertesi daňdan Zimran özüniň uly dogany bilen Timna gitdi. Olar öz ýanlary bilen ybadathana geýimli sebedi hem aldylar.
Iki hepde geçeninden soň Tamar gan görmedi we özüniň göwreli bolandygyna düşündi. Ol hem şatlandy, hem-de şol bir wagtyň özünde gorkdy. Ol öz syryny saklap, özüni hemişekisi ýaly alyp barýardy — ir turup, günuzyn işleýärdi. Hiç kim onda hiç hili özgerişik görmedi. Akjany ýoldan çykarmaklyk iň agyrydy.
Gije hemmeler uklanlarynda, Tamar eli bilen garnyny ýapýardy. Käwagtlar ony gorky eýeleýärdi we özüniň Ýahudany aldamaklyga gaýrat tapandygyna haýran galardy. Bu barada bileninde, ol näme ederkä? Çaga dogurmaklyk üçin ol bar zatdan, hatda durmuşyndan hem el üzüpdi. Indi bolsa özüniň ýüreginiň aşagynda göterýän çaga üçin gorkýardy. Eger Akja eýýäm bilen bolmasa, tizara onuň göwrelidigi mälim bolar. Eger-de bu göwrelilik barada kakasy bilen bolsady, onda ol Tamary öldürerdi. Eger Tamar ölse, onda çaga hem öler, diýmek, Ýahudanyň nesli kesiler.
Tamar öz duýgularyna ýol bermän, aýdyň oýlanmaga synanyşýardy. Onuň boýun alyp, almandygyna seretmezden, Tamar heniz hem Ýahudanyň maşgalasynyň agzasydy. Onuň ýaşamalydygy ýa-da ölmelidigi baradaky karary kakasy däl-de, Ýahuda kabul etmelidi. Tamaryň ýeke-täk goragy hakykatdy, emma ol bu hakykaty Ýahudany masgaralap, açasy gelenokdy. Eger Tamar ony masgaralamak isleýän bolsa, onda ol bireýýäm şäher derwezeleriniň alnynda durup gygyrardy.
Tamar öz syryny hatda Akja hem ynanman goraýardy. Akja bolsa her gün şol bir soraglar bilen: «Şol gün sen nirede bolduň? Näme üçin meni oýarmadyň? Men seni meýdandan gözledim. Aýtsana, sen nirä we näme üçin gitdiň?» diýip, gününe goýmaýardy.
Ahyrynda ol Tamary ýüzbe-ýüz gürrüňe çagyrdy.
— Sen näme etdiň, Tamar? Sen kimden göwreli bolduň? Hudaýlaryň atlaryndan ant içýän, biziň ikimiz hem ölendiris!
— Akja, men etmeli işimi etdim. Ýahudanyň halkynyň kanunyna we öz halkymyň kanunyna görä, meniň Şeladan ýa-da Ýahudanyň özünden çaga edinmäge hukugym bar. Gaýyn atamdan adalata eýe bolar ýaly men bar zatdan geçmeli boldum. Eger masgaraçylykda ölmesem, onda bu çagany dogmaklyk üçin men özümi masgara edip, aldawa ýüz urmaly boldum. — Ol öz enekesini gujaklap, ondan berk ýapyşdy. — Sen maňa ynanmalysyň.
— Sen bu barada hemmelere eşitdirip aýtmalysyň...
— Ýok. Hiç zat aýtmaly däldir. Heniz mümkin däl.
— Bularyň baryny kakaň bileninde näme bolar? Ol jelepçilik edipsiň diýip hasaplasa, saňa rehim edermi?
— Meniň bilen näme etmelidigi Ýahudanyň işidir.
— Onda sen ölersiň we seniň bilen çagaň hem öler. Sen bela getirýäň we ogullarynyň hem ölüminde sen günäkär diýip Ýahuda hasaplaýar. Bu ýagdaý oňa senden dynmaklyga mümkinçilik berer!
— Bu barada hiç haçan aýtma.
— Baryny bileninde, kakaň seni öldürer! — diýip, Akja ýüzüni eli bilen ýapdy. — Sen garaşmalydyň.
— Ýahuda çagyrýança men garrardym we ölerdim.
— Indi bolsa sen hem özüňi, hem-de çagaňy öldürersiň. Sen Ýahudany satdyň we onuň öýüne masgaraçylyk getirdiň. Näme bolandygyny maňa aýtsana?
— Men hiç zat aýtmaryn.
Seresaplylyk we ýagty geljege bolan umyt hiç zat aýtman, ümsüm bolmaklygy goramaga Tamary mejbur edýärdiler.
Ýahudanyň bilmeýändigine seretmezden, bu Tamaryň onuň bilen bilelikdäki syrydy. Tamar ony gorap saklar, çünki bu onuň üçin gymmatbahadyr. Ýahudanyň hasasy Tamaryň düşeginiň aşagyndady, dul geýminiň aşagynda gizlenen asma daňydaky möhür bolsa, heniz hem onuň boýnundady. Tamar olary Akja görkezmez. Ol bu barada biderek agzyny açmaz we hiç kime Ýahudanyň üstünden gülmekligine ýol bermez. Ol Ýahudanyň öýüniň öňünde öz borjuny ýerine ýetirmek isläpdi. Onuň halky tarapyndan özüniň kabul edilmegini isläpdi. Eger Tamar ony hemmelere gülki etse, onda Ýahuda ondan hoşal bolarmy?
Tamar Ýahuda hakynda, onuň mertebesi, agyrylary we gaýgylary hakynda oýlanýardy. Onuň gaýgylaryna Tamar ýene kemsitmäni hem goşmak islemeýärdi. Ýahuda Tamary taşlady, emma Tamar özüniň çagasynyň kakasyny hiç erkegiň-de, hiç bir aýalyň-da öňünde masgaralamaz.
Şol daňda, kakasynyň meýdanlary bilen gidip, çatrykda Ýahuda garaşyp duranynda, Tamaryň özüni salýan howpy barada oýlanmaklygyna ýeterlik wagty bardy. Ýaşaýyş ýa-da ölüm — muny Ýahuda çözer. Uklap ýatan Ýahudanyň üstünde duranynda, ol gaty gazaba münüpdi. Tamar tas ony aýagy bilen depip, ukudan oýaryp, eden günäsiniň öňünde oturtjak bolupdy. Ol Ýahudany silkeläp, oňa: «Seret, Ýahuda, sen meni nämelere eltdiň! Eden işiňe seret!» diýip gygyrjakdy. Bir wagtlar Ýahuda onuň Onanyň öňünde jelep aýal ýaly bolmaklygyny maslahat beripdi. Munuň deregine Tamar Ýahudanyň özi üçin jelep aýal boldy.
Tamar gaharyny ýeňdi. Ol ar almaz. Ol adalaty isleýär. Käbir oňat zatlaryň — uly we hemişelik zatlaryň umydynda Tamar bar zatdan geçmeli boldy. Çaga! Ýaşaýşyň esasy! Geljek we umyt! Ählisiniň Ýahudanyň elindedigini bilip, Tamar öz içinde durmuşyň kiçijik oduny otlaýardy.
— Belki seniň eliň gelip, çagaň düşer, — diýip, Akja aýtdy.
— Eger bu seýle bolsa, onda men çaga bilen bile ölerin.
— Sen ondan hem öň ölüp bilersiň.
Akja ýüzüni eli bilen ýapyp, aglady.
Tamar gaýgyly ýylgyrdy. Ony bilen wagtlarynda, hiç haçan adalatly bolmadyk adama bil baglamaklyga Tamary näme mejbur etdikä? Ol Tamary Eriň gödekliginden goradymy ahyryn? Ol Onanyň öz doganynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmekligi barada aladalandymy ahyryn? Ýahudanyň özi Şelany bermeklik wadasyny bozdy. Durmuşynyň şeýle adamyň elinde bolanynda, Tamar nädip ýaşamaklyga umyt edip biler?
Näme bolsa-da, Tamar umyt edýärdi. Ol umyt etmekligi makul bildi.
Emma oňa hakykaty açmaklygyň wagty gelende, ol diňlemek islärmikä?
* * *
Tamar üçin gahar we höküm gününiň gelerine çenli ýene iki aý geçdi. Oýarmaklyk üçin Akja ony silkeýärdi. Hiç zady aňlap bilmän, Tamar ýerinden galdy, emma özüniň işläp duran daşly diwaryň ýanynda uklandygyna bada-bat düşündi.
— Sen ölensiň, — diýip, Akja aýtdy we onuň ýüzlerinden gözýaşlar dökülýärdi. — Öldüň! Seniň uklaýandygyňy hyzmatkär görüpdir we kakaňa ýetiripdir. Zimran meni ýanyna çagyrdy. Men oňa baryny aýtdym. — Ol Tamaryň elini berk gysdy. — Bu ýerden gaç, Tamar. Sen gizlenmelisiň!
Geň rahatlyk Tamary doldurdy. Onuň garaşmalary gutardy.
— Ýok, — diýip, Tamar aýtdy-da, ýerinden turdy.
Meýdan üsti bilen iki dogany oňa ýakynlaşýardy. Goý, gelibersinler. Olar ýakynlaşyp, Tamara hapa günäkärlemeleri ýükläp başladylar. Olar onuň ellerinden tutup, öýlerine äkidenlerinde, Tamar hiç zat diýmedi. Howluda kakasy durdy we onuň ýüzi gyzaryp, ýumruklary bolsa berk gysylgydy.
— Sen göwrelimi?
— Hawa.
Çaganyň kakasynyň kimdigini soraman, kakasy gyzyna el göterdi. Birinji urgy ony ýere ýykypdy. Onsoň kakasy ony aýaklary bilen depeläp başlanynda, Tamar bir çete omzunyp, çagany goramaklygy üçin iki epildi.
— Meni höküm etmäge seniň hakyň ýokdur! — diýip, kakasynyň gaharyndan galyşman, Tamar oňa gygyrdy.
— Hakym ýokdur? Sen meniň gyzym!
Ol ýene urdy.
Demini alyp bilmän, Tamar aýagyna galdy, emma kakasy onuň saçyndan tutup silkeledi. Azat bolmaklyk üçin Tamar kakasynyň ellerini dyrmalady. Ol göwresinde arslanyň çagasyny göterýärdi we ony halas etmeklik üçin ol ene arslan kimin göreşýärdi. Ol ýerinden turup, aýak üstünde berk durdy we ellerini galdyrdy.
— Men seniň däl-de, Ýahudanyň öýüne degişlidirin! Ýa-da ýadyňdan çykaraýdyňmy?
— Eger men seni öldürsem, onda ol menden minnetdar bolar!
— Ýahuda — ine kim meni höküm etmelidir! Sen däl! Ýahuda we başga hiç kim!
Zordan demini alyp, Zimran oňa seretdi.
— Sen meniň burnumyň astynda özüňi jelep kimin alyp bardyň! Men seni öldürerin!
Tamar kakasynyň gözlerinde utanç we gahar gözýaşlaryny gördi, emma ýeňilmek islemeýärdi.
— Kaka, näme üçin sen Ýahudany kynçylyklardan azat edýärsiň? Näme üçin meniň ganym seniň eliňde bolmaly? Ol meni alty ýyl mundan ozal taşlady! Goý, men we meniň çagam bilen boljak bela onuň başyna düşsün.
Kakasy hyzmatkäri çagyrdy.
— Bar-da, Tamaryň jelepçilik edip, göwreli bolandygyny aýt! Onuň bilen näme etjekdigini bil!
Hyzmatkär meýdanyň üsti bilen ylgap gitdi. Zimran Tamara gahar bilen seretdi.
— Sen bolsa, jelep, bar-da, garaş.
Tamar boýun boldy. Ol güýçli titreýärdi. Eliniň aýalyry derläpdi. Ýüregi döşünden atylyp çykjak bolýardy.
Ýahuda gelmese näme?
* * *
Tamaryň gezip, göwreli bolanlygy baradaky habar Ýahudany gazaba mündürdi. Tamary öýünden çykaranyna alty ýyl geçipdi we ol ömrüniň ahyryna çenli ahlakly ýaşaýşy alyp barar öýdüpdi. Eger Ýahuda oňa rehimi gelip, ýaşamaklyga rugsat berse, onda kakasynyň kimdigine seretmezden, çaga onuň maşgalasynyň agzasy bolar. Emma ol muňa ýol berip bilmezdi. Şeýle-de, muny islemeýärdi.
Gahara şatlyk hem garyşypdy. Ahyrynda özünden dynmaklyga Tamar Ýahuda gowy mümkinçilik döretdi. Tamar iň nejis halda onuň maşgalasyna garşy günä etdi we ony höküm etmeklik Ýahudanyň hukugydy. Berşeba şu wagt şatlygyndan bökjeklärdi. Ahyrynda Berşeba dogry bolup çykdy: Tamar biderek aýal. Er bilen Onan onuň gazananydy! Ýahudanyň öz durmuşynda eden iň akylly işi — bu Şelany Tamara bermänligi.
Goý, Tamar gynalsyn. Ýahuda ol sebäpli gynalmadymy, näme? Daşlap öldürmek — bu gaty ýeňil we ýumşak ölüm. Goý, ol Ýahuda garşy eden agyr jenaýatynyň yzasyny çeksin! «Ony çykaryň-da, otda ýakyň! Otda ýakyň diýýän!» — diýip, Ýahuda gygyrdy. Zimranyň hyzmatkäriniň gapynyň arkasynda ýitip gitmänkä, Ýahuda özüniň durmuşynyň özgerendigine düşündi. Ertir soňky ogly Şela üçin oňat aýal gözlemäge başlasa bolar. Öz maşgalasyny gurmaklygyň wagty geldi.
* * *
Tamar gapynyň arkasyndaky galmagaly eşidip, Ýahudanyň nähili karar kabul edendigine düşündi. Ejesi öleň aýdyp başlady, kakasy bolsa gygyrýardy. Tamar ýüzüni eli bilen ýapyp, dileg edip başlady: «Ýeriň we gögüň Hudaýy, maňa kömek et! Seniň halkyňa degişli däldigimi men bilýärin. Özümiň ýigrenji aýaldygymy hem bilýän. Ýöne Sen Öz ogluň Ýahudany söýýän bolsaň, onda meni halas et! Göwrämdäki çagany halas et!»
Akja howlugyp, otaga girdi.
— Ýahuda seniň ýakylmagyňy buýrupdyr. Wah Tamar...
Tamar aglamady we rehim edilmegi barada haýyş etmedi. Ol çaltlyk bilen ýerinden turup, samanly kürsüni aýyrdy. Ýaglygy aýryp, oňa Ýahudanyň hasasyny dolady. Boýnundan möhürli asma daňyny çykaryp, Akjanyň eline tutdurdy.
— Bulary Ýahuda eltip ber. Çalt ylga, Akja. Oňa: «Bu möhür bilen hasanyň eýesi Tamaryň çagasynyň kakasydyr. Sen olary tanaýaňmy?» diý.
Gapynyň arkasynda başagaýlyk başlandy. Ejesi möňňürip, kakasyndan haýyş edýärdi. Kakasy bolsa gygyrýardy:
— Men oňa duýdurypdym! Haçanda bolsa bir wagt dul geýmini çykarsa, onda näme boljakdygyny men oňa duýdurypdym!
— Ýok, sen etmersiň...
— Ýolumdan aýryl, aýal! Tamaryň özi günäkär!
Tamar özüniň enekesini itekleýärdi.
— Ylga, Akja! Meni oňaýsyz ýagdaýa salma! Ylga, aýal! Ylga!
Enekesi gulak asan dessine Tamar goranmaklygy üçin bir burçda bukuldy. Doganlary girdiler.
— Siz öz aýal doganyňyzy rehim etmersiňizmi?
— Bizi masgara edeniňden soňmy?
Olar sögüp, Tamary tutdular. Göreş başlandy. Olara ýeňil bolmady. Ahyrynda olar ony diwardan aýryp, gapydan daşa çykardylar.
Kakasy daşarda durdy.
— Ýahuda seniň ýakylmagyňy buýurdy we sen ýakylarsyň!
Tamar aňsatlyk bilen öler diýip olar oýlanýarmykalar? Ol özüniň heniz dogulmadyk çagasy üçin göreşmez öýdýärmikäler? Tamar aýaklary bilen depýärdi we dyrmalaýardy. Ol dişleýärdi we gygyrýardy: «Onda Ýahudanyň özi-de meni ýaksyn!» Olar ony urýardylar, Tamar bolsa bar gahary bilen olary urýardy.
— Goý, özüniň kararynyň ýerine ýetirilişine syn etsin! Maňa Ýahudany beriň! Näme üçin meniň ölümim siziň ynsabyňyza bolmalydyr? — Ol hem aýaklaryny, hem-de dişlerini işledýärdi. — Goý, onuň özi meni oda bersin!
* * *
Ýahuda eli bukjaly aýalyň özüne tarap ylgaýandygyny gördi. Gaşlaryny galdyryp, gözüni gamaşdyryp barýan günden gözlerini eli bilen gorap, ol Tamaryň enekesi Akjany tanady. Ol bu ýigrenji aýal üçin rehim soramaklyga gelendigi şübhesizdir.
Demini alyp bilmän we eýläk-beýläk entäp, Akja dyzyna çökdi. Bukjany bolsa onuň aýak astynda goýdy.
— Tamar meni iberdi...
Başga söz aýtmaga güýji ýetmän, ol gara ýaglagyň ujundan tutup silkdi. Hasa ýerde ýumalanyp gitdi — onuň hasasy. Onsoň Akja elini uzadyp, daş möhürli asma daňyny görkezdi.
Ýahuda möhüri onuň elinden gaňryp aldy.
— Sen muny nireden aldyň?
— Tamar...
— Batlyrak geple, aýal!
— Tamar! Ol maňa: «Bulary Ýahuda eltip ber-de, oňa: „Bu möhür bilen hasanyň eýesi meniň çagamyň kakasydyr“ diý» diýdi.
Akja demini aljak bolup, kellesini aşak saldy.
Ýahuda özüni ýaramaz duýdy. Ol özüniň hasasyny galdyrdy we teni sowukdan doňan ýaly boldy. Ýoldaky jelep — bu Tamar eken! Ol jelebiň geýimlerini geýip, mekirlik bilen Eriň we Onanyň kakalarynyň öz borjuny ýerine ýetirmegine mejbur etdi.
Utanç duýgusy Ýahudany gaplady. Onuň ýekeje-de hereketi ünssüz galmady. Taňrydan ol hiç zady gizläp bilmedi. Endamy tikenekläp, saçlary syh-syh boldy.
— Haçan sen adalatly bolarsyň, Ýahuda?
Bu sözler onuň gulaklarynda ýaňlanyp gitdi. Birnäçe ýyl bu sözleri oňa Tamar aýdypdy. Indi bolsa olar aňynyň we ýüreginiň iň çuňlaryna ýetip, ýuwaş we gorkunç heňde eşidilýärdi. Ol kellesini eli bilen tutdy. Ony gorky gaplady.
— Jenabym?
Akja gözlerini ulaltdy.
Ýahudanyň ýüregi döşünden atylyp çykjak bolýardy. Ol gygyryp, ylgamaklygyň ugrunda boldy. Özüniň herekete getiren hökümini saklamaga ýetişmeli. Eger ol Zimrana çenli wagtynda baryp ýetişmese, onda iki durmuş — Tamar bilen çaganyň durmuşy onuň ynsabynda bolar. Çaga onuň özüniňki!
— Eý Taňrym, meni bagyşla! — Ol ömründe häzirkisi ýaly çalt ylgamandy. — Goý, bu günä meniň ynsabymda bolsun!
Näme üçin ol ysmaýyllaryň yzlarynda şunuň ýaly ylgamady? Näme üçin ol öz doganyny olaryň ellerinden azat etmedi? Şonda edileni düzederi ýaly indi gaty giçdi. Eý Hudaý, rehim et, atam Ýakubyň Hudaýy! Güýç ber! Tamaryň we çagasynyň durmuşyny sakla!
Onuň garşysyna Zimran ogullary bilen çykdy. Olar Tamary süýräp gelýärdiler, Tamar bolsa däli kimin garşylyk görkezýärdi. Doganlary depeleýärdiler, kakasy bolsa saçyndan çekýärdi. Zimran sögünmegini bes etdirmän, Tamary Ýahuda tarap itekledi.
— Goýber ony! — diýip, Ýahuda gygyrdy.
Zimran Tamary ýene-de uranynda, Ýahuda gaharyndan tas ýarylypdy.
— Ýene bir gezek ursaň, men seni öldürerin!
Zimran aljyramady:
— Biziň ony ýakmaklygymyzy seniň özüň islediň, ahyryn! Seniň muňa doly hakyň bardyr. Ol özüni jelep ýaly alyp baryp, seni satdy.
Ähli ýeri gögeren we ýaralaryndan gan akýan Tamar tozanyň içinde sessiz-üýnsüz durdy. Ol urlandy, ýenjilendi we masgaralanandy.
Ýahudanyň bokurdagy ýanyp barýardy. Bu ýaş aýala onuň şu wagta çenli rehimi gelipmidi? Tamar Eriň masgaralamalaryna döz gelipdi, emma Ýahuda hiç zat etmändi. Tamar özüniň Onan tarapyndan depelenen hukuklaryny goramaklygy Ýahudadan haýyş edipdi, Ýahuda bolsa onuň jelep ýaly bolmaklygyny maslahat beripdi. Tamar adalaty sorapdy, ol bolsa Tamary taşlapdy. Tamar hiç haçan şäher derwezelerinde gygyryp, ony masgaralamandy. Munuň deregine onuň maşgalasy üçin, perzent dogurmaklygy üçin Tamar jelebiň geýmini geýip, özüni kemsidipdi. Onsoň onuň oňat adyny gorap, günäsini göz etmedi, emma hasasy bilen möhürini gizlinlikde gaýtaryp berdi.
Ýahudanyň gözleri gözýaşlardan doldy. Onuň damagy tutuldy. Ýenjilen we gana boýalan Tamar bolsa, Ýahudanyň öňünde hemişekisi ýaly onuň dogruçyl we adalatly bolmaklygyna garaşyp, özüni goramaklygy üçin ýekeje-de söz sözlemän durdy. «Haçan sen adalatly bolarsyň, Ýahuda?»
— Men öz wadamy ýerine ýetirmedim we onuň Şela durmuşa çykmaklygyna ýol bermedim.
— Belki meniň göz öňümde jelepçilik etmäge onuň haky ýokdur!
Ýahuda kenganlynyň gara gözlerine seretdi we olarda ol öz ýüreginiň gatylygynyň serpikdirilýändigini gördi. Tamar Zimranyň abraýyna el ýetiripdi we ol gyzyny öldürmekligi niýet edinipdi. Ýahuda bolsa abraýdan gaçypdy. Beýlekileriň günäleri üçin ol Tamary käýemändimi? Hiç-de ynsaby ynjalman, ol Tamary taşlapdy. Ýaňyja Tamaryň üstünden çykaran höküminiň netijesinde, onuň otda gynalyp öljekdigi baradaky pikirlerden ol gaty şadyýandy. Ýahuda Tamara garşy ýüzlerçe gezek günä edipdi we özüniň günäleriniň Tamar üçin nähilidigi barada hiç haçan hem gyzyklanmandy.
Indi ähli günäleriniň öz başyna düşeninde, onuň öňünde saýlaw bardy: günä etmekligi dowam etdirmelimi ýa-da toba etmelimi?
Tamar kellesini galdyryp, Ýahuda seretdi. Ol Tamaryň gözleriniň ýanyp durandyklaryny gördi. Tamar göni häziriň özünde onuň günälerini paş edip bilerdi. Ol Ýahudany hemişelik kemsidip bilerdi. Tamar özüni diňleýän kakasynyň we doganlarynyň öňünde Eýnaýymyň çatrygynda özüniň Ýahudany nädip aldandygyny aýdyp, ony hemmelere gülki edip bilerdi. Ýahuda özüniň hemmeleriň öňünde gülki bolup, masgaralanmagyna we bulardan-da beter bolmaklygyna mynasypdygyny bilýärdi. Ýahuda Tamaryň gaharyny, umytsyzlygyny we gaýgysyny görýärdi. Ol Tamara düşünýärdi.
Ýahuda Zimrana ýakynlaşyp, hasasyny galdyrdy. Göreşmäge taýyn bolup, ol Zimrany iki eli bilen tutup durdy.
— Tamardan eliňi çek, Zimran. Bu çaga meniňki.
Ol ýene-de bir ädim öňe ýakynlaşanynda, Zimran agaryp galdy. Kenganly we onuň bilen ogullary hem yza çekildiler.
— Onda äkit ony. Onuň bilen isläniňi et.
Zimran aňk-taňk bolupdy. Ol yzyna ýygy-ýygydan seredip, uly ädimläp, ol ýerden aýryldy. Ogullary bolsa onuň yzy bilen gitdiler.
Tamar uludan demini alyp, dyzyna çökdi. Kellesini aşak egip, ol ellerini Ýahudanyň tozanly aýaklaryna goýdy.
— Meni bagyşla, jenabym.
Tamar bütin durky bilen titreýärdi we aglap başlady.
Ýahudanyň gözleri gözýaşlardan doldy. Ol dyzyna çökdi-de, Tamaryň ýagyrnysyna elini goýdy.
— Ýok, Tamar, men seniň bagyşlamagyňa mätäçdirin.
Tamaraň agylary Ýahudanyň ýüregini dilip barýardy. Ol Tamaryň ýerinden turmaklygyna kömekleşdi. Tamar güýçli sandyraýardy. Bir gözi garalyp, çişipdi. Dodaklaryndan bolsa gan akýardy. Geýimi ýyrtylandy we bedeninde süýrenilip gelnen daşly ýeriň galdyran yzlary görünýärdi.
Ençeme ýyl mundan ozal Ýahuda Zimranyň meýdanynda Tamary göreninde, ol bu gyzda bir aýratynlygy görüpdi we onuň öz öýünde ýaşamaklygyny isläpdi. Tamar kenganlydy, emma ol dogruçyl we wepaly gyzdy. Ol güýçli we edermendi. Elbetde, hut Hudaýyň özi Ýahudanyň bu gyzy öz ogly üçin almaklygyny nygtapdy. Onuň öýüniň doly dargamaklygyndan gorap bilýän çagany dogurmaklygy üçin Tamar ähli zatdan geçdi.
Ýahuda elleri bilen onuň ýüzüni sypalady.
— Seniň öňüňde eden günälerimi atam Ýakubyň Hudaýy bagyşlasyn!
Ol Tamaryň maňlaýyndan ogşady.
Tamar biraz özüne geldi.
— Meniň hem seniň öňüňdäkileri.
Tamar güldi. Onuň gözlerinde gözýaşlar ýalpyldady.
Ýahuda bu aýala bolan çuňňur mähri duýdy. Tä büdreýänçä Ýahuda onuň yzy bilen ýöredi, onsoň ol Tamary eline göterip, öýüne alyp bardy. Ýaralaryna şypa bermeklige taýyn bolup, Akja olary garşylady.
Ýahuda kellesini tutup, daşly öýüniň bosagasynda durdy. Onuň tekepbirligi döwlüpdi. Boýun bolan ýüregi bilen ol hiç haçandakysy ýaly, ýagny özi üçin däl-de, başga biri üçin dileg etdi.
Akja ahyrynda Ýahudanyň ýanyna çykanda, eýýäm garaňky aralaşypdy.
— Onuň ýagdaýy nähili?
— Ol uklap ýatyr, jenabym. — Akja ýylgyrdy. — Bary ýerbe-ýer bolsa gerek.
Tamar çagasyny ýitirmändir.
Hudaýa şukur. Ol örülerine tarap gitdi we ählisiniň içinden iň oňat bolan erkek jynsly we hiç hili tegmil bolmadyk guzyny saýlady. Ol Hudaýyň öňünde öz günälerini boýun alyp, olaryň ýuwulmaklary üçin gan akdyrdy. Onsoň ol Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň öňünde ýüzin ýykylyp, Onuň bagyşlamagyny we Öz ýollaryny öwretmekligini sorady.
Sanap bilmedik birnäçe ýyllarynyň içinde hut şol gije Ýahuda hiç hili elhenç düýş görmän, oňatja uklady.
* * *
Akja özüni edil kert gaýanyň ujunda ýöreýän ýaly we islendik pursat aşak gaçyp barýan ýaly duýýardy. Tamar güýçli özgeripdi. Ol indi öýde hojaýynçylyk edýärdi. Onuň ilkinji eden işi — bu Berşebanyň ähli butlaryny ýok etmekligi buýurmaklygydy. Şela garşy çykdy, emma Ýahuda Tamary goldady we özüniňkide berk durdy. Akja Tamaryň beýle etmezligini haýyş etdi, emma munuň hiç hili peýdasy bolmady. Akja ýasama kengan hudaýlary öz sebedinde gizläp, gizlinlikde olara doga okaýardy. Her gezek ol muny Tamara bolan söýgüsi we wepalylygy üçin edýärdi, emma Tamar Akjanyň öz däplerini ýerine ýetirip duranyny göreninde, onuň sabyr käsesi dolup daşýardy.
— Eger sen maňa boýun bolasyň gelmese, onda butlaryňy al-da, olar bilen kakamyň öýüne dolan!
— Men ýöne saňa kömek etmek isleýän. — Akja haýyş edip, aglady. — Haýyş, köne däpleri unutma. Men hudaýlar bilen sen we seniň çagaň barada gürleşýärin!
— Biziň däplerimiz nädogry, Akja. Men köne däpler tarapynda aldandym. Eger sen olary berk tutmaklygy nygtajak bolsaň, onda git!
— Tamar toýun buty alyp, ony diwara oklap, çym-pytrak edeninde, Akja gygyryp goýberdi:
— Ruhlaryň saňa gaharlanmagyny isleýäňmi?
— Bu çaga Ýahuda we onuň halkynyň Hudaýyna degişlidir. Bu öýde başga hiç hili hudaýyň ady tutulmaz. Eger seniň Bagala sežde edýändigiňi göräýsem, onda kowaryn.
Tamar gözýaşlary bilen Akjanyň boýnundan ýapyşdy.
— Akja, muny etmeklige meni mejbur etme. Men seni söýýärin, emma biz Ýakubyň Hudaýyna sežde ederis, başga hiç kime-de däldir!
Akja Tamaryň gözleriniň şunuň ýaly zalym bolandyklaryny hiç haçan görmändi. Ýaňy göwreli bolan çagynda başyndan geçirenleriniň täsiridigine ynamly bolan Akja kömek üçin Ýahuda ýüzlendi. Elbetde, ähli hudaýlaryň parahat edilmekleri we oglunyň bolsa, goralmaklygy üçin Ýahuda elinden gelenini eder!
Ýöne Ýahuda ony geň galdyrdy.
— Meniň öýümde başga hudaýlar bolmazlar, Akja. Tamaryň diýenine boýun bol.
Akja ruhdan düşüpdi, emma oňa boýun boldy. Aýlar boýy ol Tamaryň saglygyna seredýärdi. Oňa nahar taýynlap, dynç almaklyk barada ýatladardy. Ol Tamaryň garnyny owkalap, çaganyň ilkinji hereketini duýdy. Ol Tamar bilen onuň şatlygyny paýlaşýardy, çünki ony öz perzendi hökmünde söýýärdi. Ol Tamaryň ýylgyrýan ýüzündäki söýgi we haýran galma bilen garnyny sypalaýşyna seredip oturasy gelerdi. Tamar rahatdy we Akja bir gezek özüniň görünmeýän Hudaýdan Tamar we onuň üçin ähli zatdan geçen çaga üçin dileg edýändigini aňyp galdy.
Dogurmaklygyň wagty geleninde, Akja Tamardan bukalga gurmaklygyň gerekmi ýa-da ýokdugyny sorady.
— Hawa, — diýip, Tamar jogap berdi, — emma köne däplere eýerme. Söz ber!
Akja söz berip, onda durdy. Onuň özi bukalga gurdy. Ýeri süpürip, oňa borýa taşlady we hiç bir jadyly söz diýmän, aýdym hem aýtmady. Munuň deregine ol Ýahudanyň Hudaýyna dileg etdi, çünki bu çaga Ýahudanyňkydy.
— Ýahudanyň Hudaýy, Tamary gora. Dogurma pursadyny özüň gora we Ýahudanyň halky bilen ýaşamaklygy üçin ähli zatdan geçen meniň gyzyma pata ber. Oňa bolan söýgim üçin saňa ýalbarýan. Oňa öz rehimiňi eçil. Goý, onuň çagasy ejesini söýüp, garranynda bolsa, ol barada alada ediji bolsun. Goý, ol hormatda we güýçde ulalýan ogul bolsun.
Bu gaty agyr çaga dogurma boldy. Akja muňa taýyndy, çünki ol Tamar barada alada edeninde, täsin ýagdaýy bilipdi — göwrede bir däl-de, Ýahudanyň iki mirasdary bardy. Zimranyň öýünde Akja käte-käte göbek enäniň işini alyp barypdy, emma şunuň ýaly agyr çaga dogurmanyň şaýady bolmandy. Agyr kynçylyklary hiç hili igençsiz başyndan geçiren Tamary Akja öňküsinden-de güýçli söýdi. Gaty dere batyp, Tamar her sagatlaýyn çygylýardy. Gykylygyny saklamaklyk üçin bolsa, deriden edilen guşagy dişleýärdi.
— Gygyr, Tamar! Bu saňa kömek eder.
— Ýahuda eşidip, howsalanar.
— Seniň kynçylyklaryň sebäbi oldur! Goý, eşitsiň! Berşebanyň gygyrandygyna men ynanýaryn!
— Men Berşeba däldirin!
Tamaryň boýnunyň damarlary çekildi, gözlerine gözýaşlar aýlandy.
— Taňra aýdym aýt, Akja.
Burgular täzelenende, onuň kükreginden agyr nalyş çykdy. Tamaryň oturan daşy suw we gan bilen öllendi.
Akja aýdym aýtmaga başlady, ol umytsyzlyk bilen aýdym aýtdy:
— Taňryň adyny yglan ederin! Onuň adyny yglan ederin we Ýahudanyň Hudaýyny, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýukubyň Hudaýyny beýgelderin...
— Onuň ýollary dogrudyr.
Tamar uludan demini alyp, ýene-de agyr nalyş etdi. Çygylyp, Tamar eli bilen dyzyny özüne çekdi.
Birinji çaganyň eli peýda bolda. Akja çaltlyk bilen onuň eline gyzyl sapak daňdy.
— Bu birinji bolup çykdy, — diýip, Akja aýtdy.
— Eý Taňrym, rehimdar bol! — diýip, Tamar gygyrdy.
Çaga elini yzyna çekdi. Tamar dişlerini gyjadyp, ýene-de çygylmaga başlady. Akja ýaňyltmaçlyk bilen dileg edip, ellerini Tamaryň garnyna goýdy we içinde iki çaganyň göreşýändigini duýdy. Olar hereketlenýärdiler, aýlanýardylar, bir-birini itekleýärdiler.
Tamar ýene-de gygyrdy we birinji çaga çykdy. Güýç bilen öňe iteklenip, ol Akjanyň kabul etmäge taýyn ellerine düşdi.
— Ogul! — diýip, Akja şatlyk bilen güldi we birden geň galyp, agzyny açdy:
— Näme?
Bu çaganyň elinde gyzyl sapak ýokdy.
— Sen nädip öňe geçdiň? Oňa Peres dakmalydyr, — diýip, Akja aýtdy, — çünki Peres «deşiji» diýmekligi aňladýandyr.
Birnäçe pursatdan soň ikinji çaga doguldy. Ikinji ogul. Ikinji bolup çykandygyna seretmezden, elindäki sapak onuň nowbahardygyny aňladýardy. Gana bulaşan şu sapak üçin oňa Zera dakdylar. Zera «gyrmyzy» diýmekligi aňladýandyr.
Tamar ýadaw ýylgyrdy. Çaganyň ýoldaşy çykanyndan soň ol boýra ýazylan ýerde ýatdy we demini alyp, gözlerini ýumdy.
— Ogullar, — diýip, ol ýuwaş aýtdy we ýylgyrdy.
Akja çagalaryň göbeklerini daňyp, olary ýuwdy we olara duz atyp, olary gundady-da, ejeleriniň ellerine goýdy.
— Taňrynyň edenini görýäňmi, Akja? Ol ruhy garyby beýgeltdi. Ol meni tozandan we külden galdyryp, ogullar berdi!
Tamar ýylgyrdy, gözleri bolsa şatlykdan doludy.
* * *
Ýahuda Tamary elindäki iki çagasy bilen göreninde, ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Ol haýran galypdy. Günälerine seretmezden, Hudaý ony bu edermen kengan aýal arkaly iki esse sylaglady. Ol öz ogullaryna we başyndan geçiren hasratlary zerarly henizem agaryp duran olaryň ejesine seretdi we Tamary söýýändigine düşündi. Ol ony diňe bir söýmeýärdi, ol ony hormatlaýardy we haýran galýardy. Ýahuda ony Er üçin öýüne getireninde, özüniň ýüregini we durmuşyny özgerdip, toba getirmeklik üçin Hudaýyň ony nädip ulanjakdygyny hatda göz öňüne-de getirmändi. Tamar ajaýyp aýaldy, ol taryplanmaga mynasyp bolan aýaldy!
Ol üns bilen Ýahuda seretdi.
— Men çagalarymyň Hudaýyň perzentleri bolmaklygyny isleýärin. Olaryň Onuň halkyna degişli bolmaklary üçin Hudaýyň talap edýänleriniň baryny olar bilen etmegiňi men isleýärin.
— Sekiz günden men olary sünnetlärin we seniň syýahat etmeklige taýyn bolanyňda, biz bu ýerden gidip, atamyň çadyrlaryna dolanarys.
Ýahuda onuň gözlerinden akyp, gara saçlaryna düşýän gözýaşlaryň yzlarynyň üzülmeýändiklerini gördi. Tamaryň gözlerinde ol şübhelenmäni gördi we onuň näme üçindigini aňlady. Ol hiç haçan Berşebadan, Ýahudanyň özünden we onuň ogullaryndan özüne bolan oňat gatnaşygy görmändi.
— Tamar, meniň kakam şatlyk bilen seni kabul eder we meniň ejem seni söýer. Ol saňa we biziň aramyzda bolup geçenlere hemmelerden-de oňat düşüner.
Tamar heniz ýaşdy we onuň ýaralanmagy ýeňildi. Ýahuda üçin hiç haçan-da ýekeje hem aýal şunuň ýaly owadan däldi. Tamar onuň üçin gaty gymmatdy. Ýahuda onuň ýollaryny tekiz eder.
— Seniň ejeňiň meni kabul etjekdigine sen nädip ynamly bolup bilersiň?
— Meniň ejem kakamyň ýanyna örtgüli girdi.
Onuň gara gözleri haýran galyp, ýalpyldadylar.
— Jelep ýaly geýnipmi?
— Gelin ýaly geýnip, emma kakamyň islän gelni ýaly däl. — Ol gaýgyly ýylgyrdy. — Näme bolsa-da, kakam ony söýdi. Ol oňa alty ogul dogrup berdi. Men — dördünjisi.
Ýahuda Tamaryň boýnundaky damarlyryň çekilendiklerine üns berdi. Ol gaty howsalaly görünýärdi. Birsalymdan ol nämäniň ony howsala salýandygyna düşündi. Ýahudanyň ýüzi ýanýan ýaly bolup gyzardy. Ol Tamaryň elinden tutdy.
— Tamar, sen maňa nädogry düşündiň. Biziň geljekki bilelikdäki durmuşymyzdan gorkma. Äriň aýalyny hormatlaýşy kimin men hem seni hormatlaryn, emma indi sen meniň gyzym bolarsyň. Wada berýän, indi men kenganly ýaly ýaşamaryn.
Tamar ötünç soran ýaly edip, mähir bilen ýylgyrdy.
— Men wadamda duraryn!
Onuň gara gözleri nur saçdy.
— Men saňa ynanýaryn, Ýahuda. Sen adalatly bolarsyň.
Şatlygyndan Ýahuda zordan demini aldy. Ýahuda emaý bilen Tamaryň elinden tutup, onuň aýasyndan ogşady.
Soňlama
Ýyllar geçdi. Ýahuda güýçli özgerdi. Ol kakasy bilen oňat gatnaşygy ýola goýdy, doganlarynyň arasynda bolsa iň abraýlysy boldy. Öz ýerlerine gelen açlykdan Ýakubyň maşgalasynyň gutulary ýaly, ol doganlaryny çöregiň gözleginde Müsüre äkitdi. Onsoň Hudaý ony birwagtlar özüniň satan dogany Ýusup bilen ýüzbe-ýüz etdi.
Indi Sapegatpagneýa atly Müsür patyşasynyň häkiminde doganlary Ýusuby tanamadylar. Ýusup bolsa olary synamaklygy çözdi. Ol gul hökmünde Raheliň soňky ogly Benýamynyň galdyrylmagyny talap edeninde, Ýahuda öňe çykyp, doganynyň deregine özüni teklip etdi. Ýahudadaky özgerşikleri görüp, Ýusup aglady we doganlaryna özüni aýan etdi. Ol olary bireýýäm bagyşlapdy, indi bolsa gujaklap bilerdi. Ýusup Ýahuda bilen doganlaryny yzlaryna iberip, Goşeniň baý topragyna Ýakuby bütin maşgalasy bilen getirmeklerini buýurdy.
Tamar bolsa Ýahuda bilen gitdi we onuň ogullary, ogullarynyň-da ogullary ulaldylar.
Ýakup-Ysraýyl öli ýassygynda ýatanynda, ähli ogullaryny öz ýanyna çagyryp, olara pata berdi. Ýahuda iň beýik patany aldy. Ýahudanyň elinden şalyk hasasy düşmez, onuň nesilleri ebedi şalyk sürer. Tamaryň oňa dogan ogullaryndan Hudaýyň wada beren Halasgäri — Mesih gelip çykar!
Ýahuda ömrüniň ahyryna çenli Tamara beren wadasyny üzmedi. Söýýändigine seretmezden, onuň bilen hiç haçan ýatmady.
Beýleki aýallaryň hiç biri bilen hem muny etmedi.
RAHAW
Utandyrylmadyk
Wakanyň bolup geçen ýeri we wagty
Hudaýyň saýlan halky bolan Ysraýylyň ogullary ýurtlaryndaky açlykdan gaçyp, öz maşgalalaryny Müsüre getiripdiler. On iki doganyň biri bolan Ýusup Müsüriň häkimidi we şonuň üçin hem onuň maşgalasyna edil patyşanyň myhmanlaryna bolşy ýaly aýratyn hormat goýýardylar.
Emma ýyllar geçip, ysraýyllylar gaty köpeldiler. Müsüriň tagtyna bolsa Ýusuby tanamaýan patyşa çykypdy we ysraýyllylar müsürliler tarapyndan edil gullar kimin ezilýärdiler. Olary gulçulykdan azat etmeklik üçin Musanyň ýolbaşçylygy we Hudaýyň beýik gudratlary gerek boldy. Hudaý öz halkyny Kengana, ýagny Özüniň wada beren ýurduna alyp bardy. Wada berlen ýurda baryp ýetenlerinde, ysraýyllylar Hudaýa ynamlaryny ýitirdiler. Kenganlylardan gorkup, olar şol ýeri basyp almaklygy buýran Hudaýa boýun bolmaklykdan gaça durdular. Olaryň ynamsyzlyklary we boýun bolmazlyklary Hudaýyň Öz wadasyny kyrk ýyl yza çekmekliginiň sebäbi boldy. Şol döwriň içinde ysraýyllylar çölde sergezdan boldular. Müsüri taşlap, soňundan bolsa Hudaýa boýun bolmadyk ähli uly ýaşly adamlar çölde sergezdan bolup ýaşan döwürlerde aradan çykdylar.
Ahyrsoňy öz ornuny eýeläp, Hudaýyň esgerleri bolmaga we atalaryna wada berlen ýerleri basyp almaklyga taýyn bolan täze nesil ýetişdi. Müsürden çykanlaryň arasyndan diňe Musa we onuň kömekçileri bolan Eşuga we Kaleb diri galypdylar.
Ysraýyl halky ýene-de wada berlen ýurda golaýlaşanda, ony hiç kim-de ýeňip bilmeýärdi. Ilki bilen Orad patyşa, onsoň amor hany Sihon, soňra bolsa başan hany Og — bularyň bary ysraýyllylaryň gylyjyndan öldürildiler, olaryň goşunlary bolsa gyryldylar. Umytdan gaçan Mowabyň hany Balak ysraýyllary näletlemegi üçin Balam pygamberi çagyrypdy. Balagy gorky astynda galdyryp, Hudaý Balamy öz halkyna pata bermekligi üçin ulanypdy.
Hatda jemlenişen bäş midýan hanlary-da ysraýyllar goşunyny saklap bilmändiler. Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba hanlarynyň hemmesi söweşde wepat bolupdylar, olaryň goşunlary bolsa gyrlypdylar. Olaryň şäherleri we obalary ýakylypdy, baýlyklaryny bolsa, ysraýyllylar olja hökmünde alypdylar.
Wagt gelip ýetdi. Hudaýyň halky Hudaýdan öz mirasyny — wada berlen ýeri almaklyga taýyndy. Eşuga Ysraýyl halkynyň täze serdary bolanyndan soň, Musa aradan çykypdy we adamlar özleri bilen Kengany bölüp aýyrýan iň soňky böwedinden — bahar sebäpli dolup-daşyp akýan Iordan derýasyndan geçmeklige taýýarlanýardylar. Ysraýylyň Şittimde, ýagny Ýerihonyň golaýynda saklanandygyny bilip, ähli halklar gorkudan titreýärdiler. Kenganyň derwezesi bolan we gala bilen gurşalan Ýeriho garaşyp, gorkuda doňup galdy.
Birinji bap
Rahaw[3] galanyň diwaryndaky özüniň penjiresinden Ýeriho düzlügine tarap uzaklara göz aýlaýardy. Ol gorky bilen şatlygyň gyryşyk duýgularyny başyndan geçirýärdi. Iordanyň aňyrsynda ysraýyllylaryň düşelgesi ýerleşipdi we diňe derýanyň joşgunlygy olary saklap durdy. Tizara olar Iordandan geçerler we Sihona, Oga, bäş midýan hanlaryna garşy söweşişi ýaly Ýeriho patyşasyna-da garşy çykar. Ýerihonyň bütin halky bolsa gyrlar.
Patyşa derwezeleriň goragçylarynyň sanyny iki esse köpeltdi we galanyň dişli diwarynda garawullary goýdy. Emma bu kömek etmez. Ölüm ýakynlaşýardy. Halas bolmaklygyň ýeke-täk ýoly — bu boýun bolup, rehim barada haýyş etmeklikdir. Patyşa hüjüm edip gelýän goşunyň sany bilen başagaýdy, emma ol iň uly howpy — ysraýyllaryň Hudaýyny görmeýärdi. Olaryň Hudaýyny ýeňmekleri üçin kyrk ýyl mundan ozal müsür patyşasynyň ähli esgerleri-de ýeterlik bolmandy. Hatda Müsüri onuň erkekdir aýal hudaýlarynyň müňlerçesi-de halas edip bilmändi. Emma Ýerihonyň patyşasy diňe berkitmeleriň kämilleşdirilmegi barada, ýaraglaryň we goşunyň sanynyň köpeldilmegi barada oýlanyp bilýärdi. Adamlar hiç haçan-da akyllanmazlarmykalar?
Ýeriho heläkçilige sezewar bolandy!
Rahaw bolsa, bu şäherde edil zyndanda ýalydy, ol özüniň ýigrenýän durmuşyna berk baglydy. Bu jelep aýal nämä umyt etsin? Heniz entek çaga wagtynda bu daýhan gyzyny patyşa talap edeninde, hut şonda eýýäm Rahawyň ykbaly çözülipdi.
— Sen barmalysyň! — diýip, kakasy aýtdy. — Heniz sen köşkde ýaşap, patyşanyň göwnünden turýarkaň, men sag-salamat ýaşaryn. Ol seniň gyz doganlaryňy durmuşa çykarar. Ýöne sen boýun towlasaň, onda ol päsgelçilikden dynmaklyk üçin ilki bilen meni öldürip, onsoň barybir seni alar. Onuň saňa goýýan hormaty hakynda oýlan. Ol diňe iň gözel gyzlary saýlaýandyr.
— Ol maňa öýlenermi ahyryn?
Kakasy gyzynyň gözlerine seredip bilmedi. Rahaw jogaby bilýärdi. Patyşanyň birnäçe aýallary bardy we ol olaryň her birine döwletiň abatlygy üçin öýlenipdi. Rahawda bolsa patyşanyň mätäç bolary ýaly hiç zady-da ýokdy, onda diňe patyşanyň isleýän görmegeý bedeni bardy.
Hatda entek ýaş çagynda-da Rahaw höwesiň lowurdap ýanýandygyny, emma wagtyň geçmegi bilen bolsa, küle öwrülýändigine düşünýärdi. Bir hepdeden, bir aýdan, belki-de, bir ýyldan patyşa ondan ýadar we owadan babyl eşiklerini geýdirip, birnäçe altyn şaý-sepler sowgat edip, Rahawy öýüne iberer. Kakasy bolsa onuň bu sowgatlaryny satyp, pullary bolsa özüne alar.
— Men dolananymda, sen öňküleri ýaly bazarda hurma we nar satmaklyga maňa rugsat berermiň ýa-da maňa-da beýleki ençeme aýallaryň ykbaly garaşýarmy? Men bir döwüm çörek üçin öz tenimi satarynmy? — diýip, Rahaw kakasyndan sorady.
Kakasy ýüzüni elleri bilen ýapyp, aglap başlady. Rahaw özüniň namysyndan kakasynyň peýda görýändigi üçin ony ýigrenýärdi. Onuň özüni aklaýandygy we ejesi, doganlary bilen ýaşaýan tokaýdaky kepbeden köşkdäki durmuşyň gowudygyny subut ebýändigi üçin Rahaw kakasyny ýigrenýärdi. Özüni halas edip bilmeýändigi üçin Rahaw kakasyny ýigrenýärdi.
Emma özüniň ejizligini Rahaw hemmesinden-de beter ýigrenýärdi.
Hatda Rahaw gazaply bolanda-da, özüni patyşanyň höwesinden kakasynyň halas edip bilmejekdigine düşünýärdi. Patyşa islänine eýe bolup bilerdi. Onuň sowgatlary bolsa, ar almaklyk baradaky hatda azajyk pikirleri-de basyp ýatyrmalydy. Ýaşamak gaty agyrdy: bary tötänlige baglydy, emma birden ol ýylgyraýsa, onda görmegeý gyz kakasynyň durmuşyny ýeňilleşdirip bilerdi. Salgytdan azat bolar. Ulanmaklyk üçin ýer alar. Başga-da ençeme ýeňillikler bolar. Özi üçin peýdaly bolanynda, patyşa sahylyk ederdi, emma adatça onuň sahylygy höwesinden uzaga çekmeýärdi.
Rahaw penjiresine ýapyşyp durup, düzlüge üns bilen bakýardy. Ol köşge gireniniň birinji günündäki, özüniň hiç haçan gerek däl diýlip taşlanan zat ýaly bolmajakdygyna ant içendigini ýadyna saldy. Özüni häzir isleýän erkegi nädip ulanyp boljakdygyny bilmekligi Rahaw anyk çözüpdi.
Patyşanyň gujagynda özüni bagtly duýýan ýaly alyp baryp, Rahaw özüniň gazabyny we ýigrenjini gizleýärdi. Onuň jemgyýetinde Rahaw edil awuna topulmaga taýyn bolan arslan kimin hemişe ünsli we dartgynlydy. Rahaw üns berip, patyşanyň gowşaklyklarynyň peýda bolmagyna garaşýardy. Tizara-da olara göz ýetirdi. Patyşanyň ýanyna hemişe içalylar, ilçiler we habarçylar gelerdiler. Olaryň üznüksiz habarlary bolmasady, onda patyşa duşmanyň kimdigini we nähili pitneçileriň dildüwşik edýändiklerini bilip bilmezdi.
— Maňa öý sowgat et we men seniň üçin peýdaly habarlar ýygnaryn, — diýip, Rahaw mümkinçiligiň bolany dessine batyrgaýlyk bilen teklip etdi. Rahawyň gaty akyllydygyna göz ýetiren patyşa, onuň bu teklibini eşidip, keýp edip güldi. Rahaw hem onuň bilen bile güldi, emma patyşanyň göwnünden turjak bolup, geljekde peýda görer ýaly, ondan öý sowgadyny talap etmekligini dowam etdirýärdi. Özüniň köşgi taşlanyndan soň el bilen tutup biler ýaly zada eýe bolmaklygyna bolan isleginde, Rahaw berk çözgütlidi. Ol öz durmuşyny ýeňil we ýakymly ederi ýaly zat dileýärdi. Ýagly, erbet ysly we gopbamsy gojadan birnäçe ýyllar ejir çekip, Rahaw bu sowgady gazanypdy!
Hawa, Rahaw islänine eýe boldy: bar zat bilen üpjün edilen jaý we garaşsyzlygy edindi. Ýeriho gelip-gidýänlere syn edip bileri ýaly, patyşa oňa gündogar derwezeleriniň ýanynda ýerleşýän jaýy sowgat etdi. Patyşanyň tagtyny we onuň gaznasyny gorap biljek habarlary aýdarlary ýaly erkekleri gözläp, olar bilen düşegini paýlaşary ýaly, Rahaw on iki ýyllap penjiresinden seredýärdi. Rahawyň her bir şertnamasy iki esse edilip tölenerdi: erkekler geçiren gijeleri üçin, patyşa bolsa onuň ýygnan her bir ujypsyzja habarlary üçin töleýärdi. Ýerihonyň diwarlarynyň daşyndaky ýagdaý barada Rawah patyşadan hem kän bilýärdi. Köşkde bolup geçýän wakalar hakda bilmeklik isläninde bolsa, ol garawullaryň başlygy bolan Kabyly çagyrardy. Özüniň gujagynda bolanynda, Kabylyň ähli syrlary açjakdygyna Rahaw hemişe-de ynamlydy.
Rahawyň onlarça owadan babyl geýimleri, içi doly pil süňkünden edilen gutulary bardy. Onuň jaýy sungat eserlerinden we dürli reňkli owadan halylardan doludy. Öýüne gelen erkekler Müsürden getirilen owadan düşeklerde ýatardylar. Rahawyň saçagynda hemişe süýju tagamlardyr berk çakyrlar bolardy. Onuň patyşanyň dosty we ynamly adamydygyny şäheriň ähli ýaşaýjylary hem bilýärdiler. Onuň jelep aýaldygyny hem hemmeler bilýärdiler.
Rahawyň öz durmuşyny neneň ýigrenýändigini bolsa, hiç kim hem bilmeýändir. Kakasy we patyşa tarapyndan Rahawyň özi üçin taýýarlanan ykbal bilen duş geleninde, onuň özüni neneň ejiz duýandygyny-da hiç kim bilmeýärdi. Köpler haýran galardylar: Rahawyň nägile bolmaga näme ýetmezçiligi bardyr? Daşdan seredeniňde, Rahawyň ajaýyp durmuşy bardy. Patyşa ony hormatlaýardy, erkekler bolsa isleýärdiler. Myhmanlaryny onuň özi saýlaýardy.
Ýerihoda hatda onuň garaşsyzlygyna göripçilik eden aýallar hem bardylar. Özüňe adama ýaly däl-de, bir zada bolşy ýaly gatnaşyk edileninde, özüňi nähili duýýandygyňy olar bilmeýärdiler. Hatda şu wagt, özüniň baý we hususy jaýyna eýe bolanynda-da, Rahawyň öz durmuşyny üýtgetmäge güýji ýokdy. Ol öz ykbalynyň guludy.
Onda nähili ýüregiň bardygyny-da hiç kim bilmeýärdi. Özünde ýygnalan nägilelik we azatlyga çykmaklyk küýseginiň agyrysy hakynda-da hiç kim bilmeýärdi. Ol özi üçin beýlekileriň guran türmesinde ýaşaýardy we ol bu türmesini ýer baýlyklary bilen doldurypdy. Emma Rahawyň başga niýetleri, başga arzuwlary we umytlary bardy.
Olaryň bary Özüniň saýlanlaryny halas edip bilýän Hudaýa baglydy. Rahaw muny bilýärdi. Heniz kiçijik gyzjagazka, Rahaw Ol Hudaý hakda ilkinji gezek eşidipdi. Ol şol Hudaýyň hakyky Hudaýdygyna, ýeke-täk hakyky Hudaýdygyna düşünipdi. Ol Hudaý Öz halkyny Iordandan geçireninde, Ol bu şäheri eýeläp, Özüniň ähli duşmanlaryny çym-pytrak edişi ýaly, bu şäher bilen hem şeýle eder.
Ähli zadyň soňunyň ýetip gelýändigini Rahaw bilýärdi.
Rahawy ölüm gorkusy doldurýardy, emma geljekdäkileriň bir bölegi bolmaklyk islegi ondan-da güýçlüdi. Rahaw ýakynlap gelýän Hudaýa degişli bolmaklygy isleýärdi. Ol edil kiçijik gyzjagaz ýaly atanyň berk elleriniň özüni tutup, ölümden halas etmekligini isleýärdi.
Birnäçe aý mundan ozal bir müsürli oňa ysraýyllylaryň Hudaýy hakda bütin gije gürrüň beripdi.
— Emma hemmeler bularyň barynyň ertekidigi hakda gürrüň edýärler, — diýip, müsürliniň aýdýanlaryna özüniň ynanýandygyny ýa-da ýokdugyny biljek bolup sorady.
— Ýo-o-k. Jezalar iberilende, meniň kakam heniz kiçijik çaga eken... — ol gijäniň ýaryna çenli Rahawa mugjyzalar we täsinlikler, Musa atly biri barada gürrüň berdi. — Musa diýýänleri bireýýäm aradan çykypdy, emma başga biri bar... Ýeşuga.
Ertesi irden Rahaw patyşanyň ýanyna bardy, emma patyşa ysraýyllylaryň uruş tärleri, ýaraglary we goşunlarynyň sany hakynda gyzyklandy.
— Eý, jenabym patyşa, sen ysraýyllylaryň Hudaýyndan gorkmalysyň, — diýip, Rahaw patyşa aýtdy, emma ol sabyrsyzlyk bilen öz ýanyndan Rahawyň aýrylmagyny buýurdy.
— Rahaw, sen meni keýpden düşürýäň. Sen özüňi edil çaga ýaly alyp barýaň.
Rahaw oňa gygyrmak isledi. Belki-de, Musa beýik pygamberdir, emma beýik Müsüri boýun egdirmekligi ýekeje-de adam henize çenli başarmandy. Diňe hakyky Hudaý muny edip bilerdi! Bu Hudaý öz halkyny bütin Kengany basyp almaklyga taýýarlaýardy.
Şeýle bolsa-da, patyşanyň gözüne bir gezek seretmeklik — gopbamsylygyň ony ker edendigine düşünmek üçin ýeterlikdi. Adamlar diňe özleriniň isleýänlerini eşidýändirler.
Indi bolsa, Rahaw penjiresinde oturyp, aşakdaky erkeklere wagtal-wagtal el bulaýlaýardy.
Patyşa tekepbir we gopbamsydy. Özüni gorary ýaly bu diwarlar ýeterlik beýik we berk diýip, ol hasaplaýardy. Öz halkynyň gowulygy üçin gopbamsylygyny taşlar ýaly, patyşa gaty samsykdy. Patyşa ysraýyllardan gorkýardy, emma ol olaryň Hudaýyndan gorkmalydy. Rahaw erkekleri bütin ömür bilýärdi we olaryň bary hem birmeňzeşdiler. Emma bu Hudaýdyr we Ol başgadyr. Rahaw özüniň kesgitläp bilmedik halynda bu Hudaýyň barlygyny duýup bilýärdi, şeýle-de, Oňa bolan hormatdan we çyn ýürekden ymtylmadan doludy. Wah, Oňa degişli bolanlar nähili bagtlydyrlar! Olara
Rahaw özüniň bilenleriniň baryny patyşa aýdany bilen, patyşa ony diňlemek islemedi. Näme bolsa-da, Rahaw ýene bir gezek synanyşyp gördi.
— Eý mähribanym, seniň şunuň ýaly gorkakdygyňy men bilmändim. Olara garşy kyrk ýyl mundan ozal amalekler bilen birleşenimizdäkisi ýaly, bu ýewreýler guýruklaryny gysyp, ökjäni götererler. Meniň kakam olary ýurtdan kowupdy. Eger olaryň taraplarynda şeýle güýçli Hudaý bolýan bolsa, onda olar näme üçin şonda bizi ýeňip bilmediler? Jezalar... ikä bölünen deňiz, — diýip, ol gülümjiredi, — bularyň bary bizi gorkuzmaklyk üçin düzülen ertekilerdir.
— Sen Sigony ýatdan çykardyňmy?
Ol agardy, gözleri kiçeldi, düşünmesizlikden onuň garaýşy sowady we ýiteldi.
— Hiç bir goşun biziň galamyzy ele alyp bilmez.
— Heniz giç däldir, parahatçylyk baglaşmaklyk üçin haýyş edip, ilçileri iber we olar bilen ysraýyllaryň Hudaýy üçin sowgatlar hem iber.
— Näme? Sen huşuňdamy? Seniň pikiriňçe, biziň ruhanylarymyz munuň bilen ylalaşarlarmy? Göwünlerini taparymyz ýaly biziň öz hudaýlarymyz hem bardyr! Olar bizi hemişe goradylar. Bu gezek-de gorarlar.
— Müsüriň hudaýlarynyň ýurdy goraýyşlary ýaly gorarlarmy? Müsürliler mör-möjeklere çokunýardylar, ysraýayllaryň Hudaýy bolsa, müsürlileriň gallalaryny gyrmaklary üçin çekirtgeleri iberdi. Olar öz derýasyna — Nile çokundylar, bu Hudaý bolsa, onuň suwuny gana öwürdi.
— Rahaw, bular bary-ýogy gürrüňlerdir. Bularyň bary biziň şäherimizde gorky döretmek üçin ýaýradylýan myş-myşlardyr. Sen bolsa olary goldaýarsyň! Bar, öýüňe git-de, başarýanyň bilen meşgullan. Ýat ýurtly içalylary gözle.
Rahaw şeýle-de etdi, emma indi ol muny patyşa üçin etmezlige çalyşdy.
Geçen gije Kabyl kän gürledi. Ol esgerler bilen, ýaraglar bilen we Kenganyň hudaýlaryna yzy üzülmän getirilýän gurbanlyklar bilen magtandy.
— Bary oňat bolar. Goý, seniň kelläň hiç zat barada gaýgylanmasyn.
Samsyklar! Olaryň bary nähili samsyklar! Elbetde, Müsüriň hudaýlaryny gülki eden we Duzly deňziň suwlaryny ikä bölen Ysraýyl Hudaýy üçin bu diwarlary ýumurmak kyn bolmaz! Şemala, oda we suwa hökümdarlyk edýän Hudaýa garşy daşly we toýunly butlar näme edip bilerler? Ýerihonuň derwezelerini giňden açmak üçin Ol Hudaýyň ýekeje deminiň ýeterlikdigine Rahaw gowy düşünýärdi. Patyşanyň ähli berkitmelerini ýekeje-de daş galdyrmaz ýaly bu Hudaýyň eliniň ýekeje hereketi ýeterlik bolar!
Emma hiç kim Rahawy diňlemeýär.
Goý, şeýle-de bolsun. Rahaw iň soňky gezek patyşa duýdyryş bermek isledi. Goý, Ýeriho bilen boljaklaryň bary patyşanyň başyna düşäýsin. Rahaw bolsa, hakyky Hudaýa ynanýanlara we ýeňijilere goşulmaklygyň usulyny gözlär.Eger ol muny başarmasa, onda öler.
Ähli garyndaşlarynyň durmuşlaryny howp astyna salman, ol nädip Ýerihodan çykyp biler? Eger ol gaçaýsa, onda patyşa onuň yzyndan kowarlary ýaly adamlar iberer. Ony tutarlar we ýurdy satanlygy üçin jezalandyrarlar, onuň garyndaşlarynyň baryna bolsa, hut şeýle ykbal garaşar. Patyşa sähelçe-de boýun bolmazlyga çydap bilýän däldir. Emma Rahaw kakasynydyr ejesini, doganlaryny we olaryň maşgalalaryny özi bilen äkitmän, Ýerihony taşlap bilmez. Ýöne bu mümkin däldir! Eger ol hiç bir howpsuz gitmekligiň ýoluny tapaýanynda-da, maşgalasy onuň bilen gitmeklige razy bolmaz. Kakasy patyşanyň her bir sözüne ynanardy. Ol ýöne öz kellesi bilen oýlanmaklygy başarmaýardy.
Rahaw elleri bilen özüniň gap-gara burum-burum saçlaryny daraşdyrdy.
— Rahaw! — diýip, kimdir biri aşakdan çagyrdy. Emma ol muňa hiç-de üns bermedi. Onuň haly şu wagt goňşy ýurduň täjirine ýa-da kerweniniň hojaýynyna, ýa-da ýeňlişe sezewar bolan goşunyň ýene bir esgerine serederi ýaly däldi. Olaryň bary aýak üstünde ýöreýän ölülerdirler. Olar muny heniz bilýän däldirler. Diňe derýanyň aňyrsyndaky ýewreýler diridirler, çünki olaryň Hudaýlary adam elleri bilen ýasalan daş butlary däldi. Ol ýeriň we gögüň Hudaýydy!
Ysraýyllaryň Hudaýy nähili adaty däl we geňdi! Ol ýewreý halkyny — gul halky saýlady we ýerdäki iň güýçli halk bolan müsürlileriň elinden halas etdi. Ol beýigi ýeňmeklik üçin kiçileriň kiçisini saýlady. Onuň öz halky üçin çölde ýagyş kimin iýmit indirendigini Rahaw eşidipdi. Olara gorkmaklygyň geregi ýokdy, çünki özüne boýun bolmadyklary gahar-gazap bilen jezalandyrýan Hudaý, ol halka — ýewreý halkyna rehim edipdi. Kim şeýle Hudaýy söýmän biler?
Rahawyň patyşasy. Onuň halky.
Arkasyndaky düşekde Kabyl özüniň bardygyny ýatladyp, sesli hor çekýärdi. Gahardan we özüne bolan ýigrençden dolan Rahaw elleriniň aýasy bilen gulaklaryny ýapyp, gözlerini ýumdy. Eger ol öz duýgularyna erk berip bilsedi, onda Kabyly öýünden kowardy. Ol Rahawa şu gije hiç bir täzelik aýtmady. Rahaw onuň bilen ýöne wagtyny biderek sarp etdi.
Rahaw ýene-de ýola seretdi. Kyrk ýyl mundan ozal wada berlen ýere Musanyň içalylary iberendigi baradaky kakasynyň beren gürrüňini ýadyna düşüreninde, Rahawda halas bolmaklygyň umudynyň şöhlejigi peýda boldy. «Şonda biz ysraýyllylary ýeňipdik». Rahaw olaryň ýeňilmeklerine haýran galyp, onuň sebäbine düşünjek bolýardy. Ýaňyja olar guldular we beýik müsürlileriň gulçulygyndan olardan-da has beýik bolan Hudaý öz halkyny azatlyga çykarypdy. Belki-de, olar öz Hudaýlarynyň golastynda ýaşamaklyga öwrenişen däldirler? Belki-de, olar öz Hudaýyna gulak asmaklykdan boýun towlandyrlar? Ysraýyllaryň näme sebäpden ýeňlendiklerini Rahaw diňe çaklap bilerdi. Emma sebäbiň halas eden Hudaýyň bir zatda ýalňyşandygynda bolup bilmejekdigini Rahaw anyk bilýärdi.
Ençeme ýyl mundan ozal Hudaýa gulak asmadyklar bireýýäm aradan çykan bolsalar gerek. Olaryň ýerine täze nesil — çöl durmuşyna türgenleşen we doglan gününden başlap beýik Güýje bil baglap ýaşan nesil geldi. Ýeşuganyň hem Musa ýaly içalylary iberjekdigine Rahaw diňe umyt edip bilerdi. Elbetde, Rahaw olary ilkinji bolup tanamalydyr. Emma ysraýyllara ýeňşi Hudaýyň özi bererdi we olaryň Ýeriho şäherine içaly goýbermekleriniň geregi bolmaz. Ýöne edermen serkerde Ýeşuganyň gaty gopbamsy bolmajakdygyna Rahaw umyt edýärdi. Hatda gerek bolmasa-da, ýeri gözden geçirip, duşmanyň güýjüne baha bererleri ýaly içalylary ibermeklik akylly bolardy.
— Rahaw! — ýene-de aşakdan ses geldi.
Rahaw gahar bilen aşak seretdi we derwezäniň alnynda toplanan märekäniň içinden ellerini bulaýlaýan ysmaýyl tiresinden bolan bir täjiri gördi. Onuň Rahaw bilen gijäni geçirmäge sabyry galmandy, Rahaw bolsa ýöne ellerini gerdi. Goý, ony düýeleri gyzdyraýsynlar. Ony satyn aljak bolup, täjir altyn zynjyry görkezdi. Heý! Eger tizara ölüm güni geljek bolsa, onda altynyň näme peýdasy bolar?
— Ony öz aýallaryň birine sowgat et! — diýip, Rahaw jogap berdi. Täjiri gurşan adamlar gülüşdiler. Ýene bir erkek Rahawa gygyrdy, emma Rahaw onuň haýyşyna we oňat sözlerine üns bermedi. Rahaw ýola seredýärdi.
Eger uzak ýol zerarly içalylaryň geýimleri könelen bolsa, onda Rahaw olara owadan babyl geýimlerini geýdirer. Eger olar suwsaýan bolsalar, onda Rahaw olara iň oňat çakyr berer. Eger olar ajygan bolsalar, onda Rahaw olara patyşanyň iýýän nygmatlaryny hödürlär. Olar edil beýik Hudaýyň gullary hökmünde gelerler ahyryn! Eger Rahaw olara myhmansöýer bolsa, onda şeýdip ol olaryň Hudaýyna gulluk edip biler. Olaryň Hudaýy beýikdir we hyzmat edilmäge mynasypdyr!
Rahawyň ýüregi ýiti küýseg zerarly gysylýardy. Ol howpsuzlykda bolmaklygy isleýärdi. Heniz şu öýde we şu şäherdekä, ol betbagtlyga uçrandyr. Diri galmaklygy üçin ol ysraýyllaryň biri bolmalydyr. Ýerihonyň ýaşaýjylarynyň hudaýlary, amorlaryň, amalekleriň we Kenganda ýaşaýan beýleki ençeme tireleriň hudaýlary oňa kömege gelmezler. Olar hemişe özlerine gurbanlyk dileýän we satyn alnan ruhanylar bilen gurşalan bary-ýogy daşdan edilen heýkellerdirler. Rahaw enelerden çagalaryny alyp, olary gurbanlyk getirýändiklerini görýärdi. Çagajyklaryň bedenlerini gaýnadyp, etlerini süňklerinden aýyrýardylar. Onsoň olaryň süňklerini kiçijik halta salyp, täze gurlan jaýyň ýa-da ybadathananyň aşagynda saklaýardylar. Edil öldürilen çagalar üstünlik getirýänler ýaly! Özünde hiç haçan çagasynyň bolmandygyna Rahaw begenýärdi.
— Be, neneň ýagty yşyk, — diýip, Kabyl iňňildedi. — Perdeleri ýapsana!
Rahaw oňa tarap ýüzüni öwürmän, dişlerini gyjady. Onuň Rahawyň düşeginden we öýünden aýak çekmeli wagty bolupdy.
— Gün dogdy, — diýip, Rahaw mähir bilen aýtdy. Seniň gitmeli wagtyň geldi.
Nägileli pyşyrdylar eşidilip, aýak sesleri geldi.
— Rahaw, sende ýürek ýokdur.
Gyşarlyp oňa seredip, Rahaw özüni ýylgyrmaklyga mejbur etdi.
— Gije sen beýle diýmändiň.
Rahaw ysraýyl içalysyna meňzeş birini görmeklik umydy bilen ýene-de penjirä seretdi. Ol neneň görnerkä? Eger ol peýda bolsa, Rahaw ony nädip tanarka?
Kabyl onuň bilinden tutupdy we perdäni ýapjak bolup uzaldy.
— Meniň söýgim, düşege dolan, — diýip, ol dodaklary bilen Rahawyň boýnuna ýakynlaşdy.
Özüni sypalap ýetişmänkä, Rahaw onuň elinden tutup ýetişdi.
— Ýeriňde ýokdugyňy patyşa biler. Seniň başyňa bela düşmegini men islemeýärin.
Onuň saçlarynyň ysyny çekip, Kabyl ýeňillik bilen ýylgyrdy.
— Men ýetişerin.
Rahaw oňa tarap öwrüldi.
— Sen gitmelisiň, Kabyl, — Rahaw elleri bilen onuň kükreginden itip, özünden aýyrmaga synanyşýardy. — Seniň ýeriňde ýokdugyňy bilerler we Rahaw öz dostlaryna zyýan ýetirýär diýerler. Men muny islemeýändirin.
— Häzir sen maňa agyry ýetirýärsiň.
— Muny başdan geçireriň ýaly sen eýýäm uly adamsyň.
Rahaw gitjek bolanynda, Kabyl onuň elinden tutdy.
— Aşakda baý täjir barmy?
— Ýok.
— Kimdir biriniň seniň adyňy tutup gygyrandygyny eşitdim.
— Bolanda näme?
Eline bir-iki teňňe tutdurany bilen, indi Rahaw özüniňki öýdýärmikä?
— Meniň nädip pul gazanýandygymy sen bilýärsiň ahyryn?
Kabylyň ýüzi çytylyp, gözleri garaldy.
Ýigrenjini gizlemäge synanyşyp, Rahaw barmaklaryny onuň ýaňaklaryna degirdi we mähirli sözledi.
— Seni tapmaklyk üçin öýden çykandygymy unutma. — Rahaw hoşlaşmak bilen erkegiň ýeke-täkdigini oňa aýtmaklygyň gaty wajypdygyny bilýärdi.
Kabyl gülümjiredi:
— Diýmek, sen meni azajyk söýýän ekeniň.
— Şeýle bir söýýärin welin, hatda saňa zyýan ýetirmeklik hem islemeýärin, — diýdi-de, Rahaw özüni bir gezek ogşadyp, ondan çekildi. — O taýda, derwezeleriň alnynda märeke garaşýandyr, Kabyl. Sen olary açmalysyň. Gazaba münen täjirler patyşa arz edip bilerler.
Rahaw otagdan geçip, Kabylyň geýimlerini aldy-da, olary oňa oklady we gapyny açdy.
— Howluksaň oňat bolar!
Onuň çaltlyk bilen geýinýändigine syn edip, Rahaw güldi we onuň yzy bilen gapyny ýapdy. Onsoň daşky gapyny gulplap, özüni garaşylmadyk myhmanlardan gorady we ýene-de öz orny bolan penjirä tarap ylgady.
Rahaw ýekelikden dynjyny alýardy. Ol penjirä ýakynlaşdy-da, bir aýagyny aşak sallap, onda oturdy. Aşakdan gelýän gykylyga ses bermän, ol düzlüge göz aýlaýardy. Uzaklarda görünýän ol bulut sütüni nämekä? Rahaw ynamly däldi, emma ysraýyllaryň Hudaýynyň Öz halkyny gündiz bulut sütüni kimin we gije bolsa ot sütüni kimin bolup, olara ýol görkezýändigi hakda eşidipdi.
Jowzanyň çydardan geçeninde, Rahaw perdäni ýapyp, penjireden daşlaşdy we saçlaryny darap, çörek iýdi-de, çakyr içdi. Emma her sagadyň içinde birnäçe gezek ýerinden galyp, perdäniň gyzyl matasyny galdyryp, köçä seredýärdi we her bir nätanyşy synlaýardy.
* * *
Salmon bütin ömür şu pursada — wada berlen ýere barmaklyga garaşypdy. Ol bu ýeri özleriniň düşelgelerinden synlap bilýärdi. Ol geljek söweşleri gaty küýseýärdi. Onuň ynamlylygy Hudaýyň Öz halkyna beren öňki ýeňişlerine esaslanypdy. Garaşmaklyk iň kyn pursatdy. Salmon özüni çapara taýyn bolan at ýaly duýýardy. Ol gülýärdi. Öz dosty Epraýym bilen göreşeninde, onuň güýç-kuwwaty dolup daşýardy. Ertiriň daňydy, gün ýaňyja dogupdy, emma her bir gün söweşe — Hudaýyň işine — wada berlen ýeri basyp almaklyga taýýarlanmaga mümkinçilik berýärdi.
Elinde taýagyny gysyp durup, Salmon hüjüm etdi. Epraýym ony yzyna sekpikdirip, yzyna öwrüldi-de, dostunyň üstüne hüjüm etdi — Salmon şübheligini ýitirmän, ýene hüjüm etdi.
Uludan demini alyp, Salmon güldi.
— Indiki gezek men şunuň ýaly özüme ynamly bolmaryn.
— Haçan Ýerihona hüjüm ederis öýdýäň? — diýip, Epraýym ýerinden turdy-da, üstünden tozanyny kakyşdyrdy.
Salmon Ýeşuganyň her gün doga edýän baýryna seretdi.
— Wagty gelende, Hudaý Ýeşuga aýdar.
— Bu tizara bolar diýip umyt edýän! Garaşmaklyk söweşden agyrdyr.
Salmon taýagyny elinde berk tutup, ýerinden galdy. Belentlikde duran Ýeşuganyň eşiklerini çölüň şemaly ýelpeýärdi. Musanyň ölüminden soň Salmon bar zatda Ýeşuga bilen ruhany Elgazaryň baştutanlygyny boýun alypdy. Olaryň her bir sözleri kanundy, çünki olar bütin ýürekleri bilen Hudaýa bil baglap, Onuň aýdanlaryny adamlara ýetirýärdiler. Salmon heniz çaga bolup, kakasynyň alnynda gujagynda oturyp, Ýeşuga bilen Kalebiň wada berlen ýeri gözden geçirmek üçin gidendiklerini we dolanyp gelip, ol ýeri basyp alyp boljakdygyny aýdandyklary hakda eşidipdi. Olar şol ýeri berjek diýip wada beren Hudaýa ynanypdylar, emma 10 sany içaly ýeňiş üçin hatda beýik pygamber Musanyň hem ýeterlik däldigine halky ynandyrypdylar. Halka ynam ýetmedi we olar öz mümkinçiliklerini elden sypdyrdylar — wada indiki nesle geçdi. Hudaýyň öz halkyny höküm edip, ýene-de çöle ibereninde, heniz Salmon dogulmandy. Emma muňa garamazdan, bolup geçenleriň bary oňa uly täsir etdi. Ol öz halkynyň utanjynyň we kakasynyň ahmyrynyň kölegesinde ulalypdy.
Kakasynyň gözýaşlaryny ol nädip kän görerdi!
Beýlekileriň ýalňyşlyklaryna gülmeklik aňsatdy. Ýeňil, emma gaty özüňe ynamly görünýändir. Salmon ata-babalaryndan özüniň oňat däldigini bilýärdi. Geljege göz aýlamak gaty howpludy. Ýeşuganyň garaşyşy ýaly
Biribar Hudaý Kengan topragyny öz halkyna wada beripdi. Wada berleni eýelemekligiň güni ýetip gelýändir. Ol ýere eýe bolmaklyk ýa-da bolmazlyk Salmonyň nesline baglydyr.
Heniz hiç kim hem güýçden gaçmandy, emma käbirleri bireýýäm şübhelenip, şeýle kän garaşmaklyga nägilelik bildirýärdiler.
— Taýyn bol, — diýip, Epraýym aýtdy.
Yzyna öwrülip, Salmon taýagyny galdyrdy-da, Epraýymyň hüjümini serpikdirdi.
Hudaý ony çagyranda, Salmon söweşe taýyn bolmak isleýärdi.
* * *
— Salmon!
Ol bada-bat munuň kimdigini bildi. Aýagyna galdy-da, Salmon çadyryň örtügini galdyrdy we geň galyp, Ýeşuga bakyp durdy.
— Mende seniň üçin ýumuş bar, — diýip, goja ýuwaşja aýtdy.
— Içerik giräý, — Salmon çaltlyk bilen yza çekildi-de, serkerde bilen salamlaşdy.
Garry esger ýeňillik bilen kellesini aşak egdi-de, çadyra girdi. Onsoň daş-töweregine göz aýlady-da, Salmona tarap öwrüldi. Ol bolsa bütin durky bilen sandyraýardy, çünki bu beýik hormat ahyryn — Ýeşuganyň özi ony gözleýärdi.
— Geç, otur jenabym, — Salmon myhmana iň amatly ýeri hödürledi.
Ýeşuga başyny aşak egdi. Özüniň getiren bukjasyny bir tarapa süýşürip, edil ýaş oglanýaly ýeňillik bilen aýagyny ýygnap, törde oturdy. Ol Salmona seredeninde, ýigidiň gara gözleriniň bakyşy ünslüdi.
Adaty ýagdaýlarda serkerde onuň ýanyna gelmän, eýsem ony öz ýanyna çagyrardy.
— Jenabym, men näme hyzmat edip bilerin? — diýip, Salmon hormat bilen we şol bir wagtyň özünde bilesigelijiligini zordan saklap aýtdy.
— Maňa hiç zat gerek däl. Oturaý.
Salmon öňe egilip, ümsümje oturdy. Goja ençeme wagtlap gözlerini ýumdy, onsoň başyny galdyryp, ýigide seretdi.
— Has howply ýumşy ýerine ýetirmeklik üçin maňa iki adam gerek.
— Men giderin, — diýeninde, Salmonyň ýüregi çaltlyk bilen urýardy we ol dikeldi. — Meni iberäý.
Kellesini gapdala aýlap, Ýeşuga geň galmaklyk bilen Salmona syn edýärdi.
— Bu ýumuşy ýerine ýetirmäge gitnäge taýyn bolmazyňdan ozal onuň nähilidigini bilmeklik akylly bolardy.
— Eger sen onuň ýerine ýetirilmegini isleýän bolsaň, onda ony berjaý etmelidir, bu meniň bilmeli zatlarymyň barydyr. Hudaý seniň agzyň bilen gürleýändir. Saňa gulak asmaklyk — Hudaýa gulak asmaklykdyr. Nirä iberseň-de, men giderin we näme etmekligi buýursaň-da, men ýerine ýetirerin.
Ýeşuganyň gözleri ýalpyldady. Ol Salmona ýakynlaşdy.
— Onda, ine, bu seniň ýumuşyň: Iordanyň o tarapyndaky ýeri, esasan-da Ýerihonyň daş-töwereklerini öwrenmelisiň. Olarda nähili gorag serişdeleriniň bardygyny bil. Ýerihonyň ýaşaýjylarynyň näme diýip, näme goýýandyklaryny, olaryň hallaryny bil.
Birden Salmony gorky basdy, emma ol ony basyp ýatyrdy.
— Men haçan ýola düşmelidirin?
— Bir sagatdan. Kalep şu wagt Epraýym bilen gürleşýändir, — diýip, Ýeşuga elini galdyrdy. — Seniň gyljyňy eliňe alyp, şu wagtyň özünde gitmäge taýyndygyňy görýärin, ýöne maňa gulak goý. Kalep bilen Epraýymdan başga hiç kim siziň düşlemezden gidýändigiňizi bilýän däldir. Siz gizlinlik bilen çykarsyňyz. Oglum, sen ýaş we gyzgynsyň, emma sen akyla we paýhasa eýe bolmalysyň. Şäheriň içinde edil basybalyjy kimin aýlanyp ýöreme. Başyňy biraz aşak salla. Halkyň halyny bilýän adamlary gözle. Olara gatyş. Gözleriňi we gulaklaryňy açyk tut. Ýerihonyň ýaşaýjylarynyň bil baglaýan berkitmeleri gaty wajyp däldir. Başarnygyňdan köpräk öwren we mümkin boldugyndan çaltrak ol ýerden aýak çek. Wagty ýitirme. Düşündiňmi?
— Bolýar, jenabym.
Öň süýşürip goýan bukjasyny Ýeşuga aldy-da, Salmonyň alnynda goýdy.
— Amorlaryň geýimleri we ýaraglary.
Elbetde, bu geýim ýeňilen duşmandan alnandy we Salmon onda gan yzlaryny gördi. Bu geými örän seresap geýmeli. Kimdir biri gany görse, işleri şowna düşmez. Gany gören her bir adam bu geýmiň öňki hojaýynynyň öldürilendigine düşüner. Gan tegmillerini ýapar ýaly örtgi örtünmelidir.
Ýeşuga ýerinden turdy. Salmon hem aýagyna galdy. Çadyrdan çykmazyndan ozal Ýeşuga elini Salmonyň egnine goýdy-da, ony berk gysdy.
— Goý, seni Hudaý gorasyn!
— Goý, Hudaýyň ady mübärek bolsun.
Salmonyň egninden elini aýryp, Ýeşuga çadyryň örtgüsini galdyrdy-da, daşa çykdy. Ýeşuga ysraýylyň çadyrlarynyň arasyndan gaýyp bolýanç, Salmon onuň yzyndan seredip galdy. Onsoň Salmon uludan demini aldy-da, dyzyna çökdi. Başyny galdyryp, gözlerini ýumdy we ellerini galdyryp, Özüne gulluk etmeklik mümkinçiligini berenligi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Onsoň ol ýumşy ýerine ýetireri ýaly Hudaýdan akyldarlyk we batyrgaýlyk diledi.
* * *
Salmon bilen Epraýym aýyň yşygynda düşelgäni taşladylar. Özleriniň hereketlerine päsgel bermez ýaly olar geýimleriniň eteklerini billerine çenli galdyryp, guşak daňdylar. Heniz daň şapagynyň peýda bolmagyndan ençeme wagt öň, olar Iordanyň gündogar kenaryna ylgap ýetdiler. Demini aljak bolup, Salmon bukjasyny ýere atdy-da, geýmini kellesinden çykardy.
Derýa gaty çalt görünýär, — diýip, Epraýym zatlaryny çykarşyna aýtdy. Ýazyň suwlary zerarly derýa kenarlaryndan çykýardy. Epraýym mamlady — suwuň akymy dogrudan hem gaty çaltdy.
Salmon amor geýmini geýdi. Deri guşagyny çekip, ol derýanyň eňňit kenaryna tarap görkezdi.
— Şol ýerden biz suwa gireris we ýüzeris.
Epraýymyň dodaklary gülki zerarly gyşardy.
— Bu barada şu wagt aýdasym gelenok, ýöne men ýüzüp bilmeýärin.
Salmon keýpsiz güldi.
— Seniň pikiriňçe, men ýüzüp bilýärinmi? Çölde muňa öwrenmeklige mümkinçilik bolmady.
— Onda biz indi näme ederis?
— Derýadan ýüzüp geçeris. Ynjamagymyzy bes etdireris. Eger Hudaý isleýän bolsa, onda hemmesi şowna düşer.
— Eger islemese, onda biz suwda gark bolarys, — diýip, Epraýym aýtdy.
— Ýeňilmegimiz üçin Hudaý bizi şu ýere getirendir öýdýäňmi?
Epraýym derýa seretdi.
— Ondan tutup, derýadan geçerimiz ýaly şu ýerde bir agaç bölegi bolsady.
— Hudaý bizi goldar, — Salmonyň sözlerinde onuň özünden-de uly güýç bardy.
— Göni Duzly deňze.
Dostunyň gara degişmesini Salmon eşitmezlige urdy.
— Beýleki kenardaky söwütlere bakan ýüz.
Gynyny guşagyna daňdy-da, oňa hanjaryny saldy.
— Ugradyk!
Daşky batyrgaýlygyna seretmezden, Salmon akymyň güýjüni duýup, gaty gorkdy. Gorkusyny ýeňip, tä biline çenli suwa girýänçä öňe ýöredi. Belki-de, ol ädimme-ädim ýöräp, Iordandan geçip biler. Çünki ol aýak üstünde durar ýaly güýçli ahyryn! Emma nobatdaky ädim munuň tersdigini subut etdi: başa barmaz. Salmon daşdan typyp, özüni elden aldyrdy. Akym ony özi bilen alyp gidip başlanynda, ol aljyrady. Birden ony suwuň aşagyna çekip ugrady, emma ol ýokary çykyp, dem alar ýaly bar güýji bilen garşy durmaga synanyşdy. Akym ony aýlap, eýläk-beýläk atýardy. Ol bir gaty zada urlup, tas gark bolupdy. Salmon öz gorkusy we derýa bilen göreşýärdi, akym bolsa ony äkitmegini dowam etdirýärdi.
Salmon derýanyň o kenaryndaky agaçlary gördi we synanyşmagyny güýçlendirdi. Ellerini hereketlendirip, ýüzmäge synanyşýardy. Eýýäm ol indi başyny hemişe dik tutýardy we dem alyp, nirä tarap ýüzýändigini görýärdi. Ol yzdan gelýän sesi eşitdi, emma yzyna öwrülip, Epraýymyň nähilidigine seretmäge onuň wagty ýokdy. Suwuň üstünde asylyp duran şaha tarap ymtylyp, Salmon ondan ýapyşdy. Iki eli bilen berk tutandan soň töweregine göz aýlady. Epraýym henizem duran kenaryndady.
— Bolsana! — diýip, Salmon oňa gygyrdy.
— Epraýym suwa girende, ol özüni erbet duýdy. Muňa seretmezden, ol elini uzatdy-da, ýüzmäge synanyşdy. Öz dostuny akymyň äkidýändigini görüp, Salmon güýjüniň baryndan elini uzadyp, Epraýymy tutjak boldy.
— Tut!
Epraýym tutdy, emma onuň badyna Salmon tas şahany elinden sypdyrypdy. Derýa olary aýlap, eýläk-beýläk atýardy. Epraýym suwdan hiç-de çykyp bilmedi. Salmon bir eli bilen şahadan berk ýapyşyp, beýleki eli bilen dostuny özüne tarap çekdi.
— Dyrjaş!
Epraýym dostundan berk ýapyşdy we onuň barmaklary Salmonyň bilini agyrdyp gysdy. Ahyry Epraýym arkaýyn demini alyp bildi. Salmon onuň guşagyndan tutup, ýokary çekdi we kenara tarap itdi.
Gury ýere çykandan soň Epraýym dostunyň elinden çekip, şahanyň döwülmeziniň öz ýanynda kenara çykardy. Derýanyň daşly kenarynda zordan aýak üstünde durup, Salmon Iordandan çykdy we dyzyna ýykyldy. Epraýymy üsgülewük tutdy.
Salmon demini dürsejek bolup, birnäçe gezek üsgürdi. Ol ellerini topraga sokup, ondan bir owuç aldy-da, onuň goýy ysyny duýjak bolup, toprakly elini burnuna eltdi.
— Hudaý bizi derýadan geçirdi, — diýende, özüni dolduran duýgular zerarly onuň sesi titreýärdi.Olar öz nesilleriniň arasyndan ilkinjiler bolup wada berlen ýere aýak basanlar boldular. — Goý, Oňa alkyş bolsun!
Epraýym henizem gagyrynjyrap, bulaşyk suwy tüýkürýärdi, ýöne onuň sesi tutulypdy:
— Mundan keýplenerimiz ýaly Hudaý biziň uzak ýaşamagymyza kömek etsin.
— Omyn, — Salmon ýerinden turdy. — Tizara daň atar.
Ol öňündäki ýumşy ýerine ýetirmäge howlukýardy, hereket etmekligi küýseýärdi, emma şähere kir hallarynda ýa-da Ýeriho girmeklik isleglerini bilerleri ýaly gaty ir gelmeklik akylly bolmazdy. Derýanyň boýunda egilip, Salmon ýuwundy.
— Eger biraz gyssansak, onda tä daň atýança Ýeriho şäherine baryp ýeteris, — diýip, Salmon teklip etdi.
— Ýöne maňa biraz dynjymy almaga wagt ber.
— Biz wagtymyzy ýitirip bilmeýäris. Ýolugry dynjyňy alarsyň!
Olar heniz çöli günbatardan Iordana çenli kesip, ýola çykmankalar daň atdy. Hatda uzak aralykdan-da öňde çeşmeler bilen suwarylýan bir göm-gök tokaýlyk göründi. Şeýle-de, Kengana girişi bekläp duran Ýeriho şäheriniň galalarynyň beýik we galyň diwarlary hem görünýärdi. Bu diwarlar şeýle bir äpetdiler welin, hatda Ýerihony basyp almaklyk mümkin däl ýaly görünýärdi. Günbatardan-da olara ýakynlaşyp bolmazdy — o taýda eňňit daglaryň gerişleri çiňňerlip durdy.
— Şäher gaty gowy ýerleşen.
— Ol elýetmezdir. Biz nädip ony eýeläris? Beýle gala biz şu wagta çenli duş gelmändik!
Salmon sesini çykarman diwarlary öwrenýärdi. Olar adam boýundan azyndan alty esse beýikdiler. Derwezeleriň iki tarapynda ýasalan berkitmeler bolsa, gala hüjüm pursadynda ýene bir çynlakaý böwet bolup bilerler. Ýakynlap gelýän goşunyň heniz gaty daşdadygyny, ýokardaky sakçy görer we bu olaryň derwezeleri ýapyp, söweşe taýýarlanmaklaryna mümkinçilik berer.
Diwarlara hüjüm eder ýaly Ýeşuga merdiwan gurmaklygy buýrarmyka? Olary ornaşdyryp, esgerler olar arkaly diwarlardan geçýänçäler tutup duranlardan, näçe adam wepat bolarka? Bu elýetmez derwezeleri döwüp ýa-da ýykyp bolarmyka? Bu şäher üçin söweşde näçe adam wepat bolarka? Müňlerçe! Eger şu gün bu ýumşy ýerine ýetirýärkä, wepat bolaýmasa, onda Salmon hem şol müňleriň biri bolarmyka?
— Bu ykbaldal Hudaýyň Özi gorasyn, — diýip, Salmon uludan demini aldy.
— Indi biz näme etmelikäk? — diýip, Epraýym sorady. — Derwezeleriň açylmagyna garaşýan märekä goşularysmy?
— Biz günortana çenli garaşarys. Eger bizi jikme-jik barlamasalar oňat bolar. Ol wagtlar garawullar kän ünsli bolmazlar.
Olar kölüň boýunda bir çemenjik tapdylar-da, Ýerihonyň kölegesinde ukladylar.
Ikinji bap
Bular patyşa üçin habar getiren amor esgerleridir öýdüp, Rahaw şähere giren iki erkege aýratyn üns bermedi. Emma olar ýakynrak gelenlerinde, ol olaryň diwarlary üns bilen öwrenýändiklerine üns berdi. Olaryň hiç hili ýükleri ýokdy we ýüzlerini çytyp, bir-birleri bilen gürleşýärdiler we seresaplylyk bilen diňleri synlaýardylar. Olaryň Rahawa hiç hili gyzyklanmalarynyň ýokdugy bolsa, özleriniň kimdiklerine güwä geçýärdi. Hatda çynlakaý ýumuşlara iberilen esgerleriň hemmesi-de Rahaw ýaly aýallary gözleýärdiler. Olar hemişe gije oňat ýerleşip, damagyň, içginiň we ten höwesleriniň aladasyny ederdiler. Amor esgerleri bolsa, aýratynam höwesjeňdiler.
Ine, ahyrynda olar Rahawa üns berdiler.
— Salam, meniň dostlarym! — diýip, Rahaw ellerini bulaýlap, ýylgyryp aýtdy. Olar yzlaryna öwrüldiler. Geň. Olar ýaşdylar, emma olaryň ýaşlary aýalyň üns berýän alamatlaryndan utanarlary ýaly däldi.
Ýa-da by ýigrençmikä? Rahawda ýakymly bolmadyk duýgy döredi. Eýýäm ençeme ýyllaryň içinde Rahaw utanjy we ýüzüni ýapyp, gizlenmeklik duýgularyny başyndan geçirmändi. Ol patyşanyň jemgyýetiniň ilkinji hepdelerinden soň utanjy duýmaklygyny bes etdiripdi. Kakasynyň näme diýýändigine seretmezden, özüni mynasyp aýal duýmaklykdan mahrum edendiklerine Rahaw ýüreginden düşünýärdi. Öz ýagdaýyndan girdeji gazanýandygy bolsa, iň erbedidi. Rahaw üçin bu iň garaňky wagtlardy, ýokary göterilip, aşak gaçmaklygyň wagtydy. Emma ol wagtlar patyşa tarapyndan saýlanan gyza hiç bir adam-da açyk höküm edip bilmeýärdi. Ol köşkde ýaşaýarka, oňa hormat bilen gatnaşyk ederdiler. Wagtyň geçmegi bilen Rahaw duýgularyny gizlemeklige öwrenişipdi. Özünden geljege bolan her bir umydy alandyklaryna seretmezden, Rahaw başyny dik tutup ýöremekligi öwrenipdi.
Ýigitleriň özüne bolan biperwaýsyzlyklaryna seretmezden, Rahawyň olar bilen gyzyklanmasy güýçlenýärdi. Olaryň özlerini görkezişleri ýaly däldiklerini Rahaw aňýardy. Amor esgerleri özlerine göwniýetijilik bilen ädimleýärdiler. Olar biabraý sözleri gygyryp, pullaryny görkezýärdiler. Olar aýallaryň öňünde özleriniň edermenlikleri bilen guwanardylar.
Belki-de, bular Rahawyň gelmeklerine garaşyp duran ysraýyl içalylarydyr?
Çöl şemaly turup, olaryň töwereklerinde tozan turuzdy. Boýy uzyn bolanyň üstündäki örtügini şemal ýokary galdyrdy. Ol bolsa ýol pursat geýmini düzedişdirdi. Emma Rahaw onuň gizlejek bolýan gan tegmilini görüp ýetişdi.
Ýüregi birsalymlap saklandy. Rahaw uludan demini alyp, öňe tarap egildi. Ol indi olaryň ünslerini özüne çekmekligi berk çözüpdi. Özüni nähili utançsyz alyp barmaly bolsa-da, Rahaw olary ýene-de özüne bakmaklyga mejbur eder. Ol penjireden şeýle gaty öňe uzaldy welin, hatda onuň gap-gara burum-burum saçlary edil gara şarlawuk kimin diwaryň daşlary boýunça uzalyp gidýärdi.
— Eheý, ol ýerdäkiler, siz! — diýip gygyrdy. — Ikiňiz!
Uzyn boýly aýala seretdi we gyzardy. Rahaw bolsa elini bulaýlady.
— Men sizi myhmançylyga kabul ederin.
— Sag boluň, gerek däl!
Oňa aýalyň erjelligi hiç-de ýaranokdy. Öz ýoldaşyna bir zatlar pyşyrdap, ýoluny dowam etdirdi.
Onuň üns bermeýänligine seretmezden, Rahaw saklanmak islemeýärdi.
— Iň soňky gezek haçan erkegiň maňa şeýle üns bermejek bolanyny ýadyma düşürip bilemok!
Gazap donuny geýen ýigit saklandy.
— Seniň hyzmatyň üçin tölär ýaly biziň pulumyz ýeterlik däldir.
— Men eýýäm bahamy aýtdymmy näme?
Ol aýala çiňerip duran ýoldaşyna başyny yrady-da, ýoluna gidiberdi.
Özi bilen gijäni geçirer ýaly Rahaw haçan erkegi yrmaly bolupdy? Eger ol ýene biraz penjireden uzalsa, onda göni onuň aýagyna ýykylar!
— Men size oňat çakyr, gyzgyn çörek we düşlemek üçin oňat ýer hödürlärin.
Bu ikisiniň Rahawa üns bermezliklerini dowam etdirenleri sebäpli, ol aýagyndaky köwşüni çykaryp, olara tarap oklady.
— Amorlaryň aglabasy derwezeleriň ýanyna gelenlerinde, meniň adymy tutup gygyrýandyrlar!
Hemişe Rahaw beýle erkeklere üns bermeýärdi. Ol diňe patyşa üçin gerekli bolan habarlara eýe bolan goşunbaşylary kabul ederdi. Hatda Rahaw bu ikisine ikinji gezek üns hem bermezdi, emma olar ysraýyl içalylarydylar. Rahaw muňa düşündi. Bu aýal öz işi bilen meşgullanýan adaty bir jelep aýaldyr diýip, olar oýlanan bolsalar gerek.
Olar üçin Rahawy gorky eýeledi. Aldaýandyklaryny bilmezleri ýaly derwezeleriň alnyndaky garawullar şeýle bir samsyklar diýip, bu ikisi hasaplaýarlarmyka? Rahaw häziriň özünde bu ikisiniň ünsüni özüne çekmelidir. Olarda ysraýyl içalylaryny görmekleri üçin patyşanyň esgerlerine bir gezek olara syn etmeklik ýeterlikdir. Onsoň ertir irden olaryň kellelerini aýryp, şäher diwarlaryndan asyp goýarlar!
— Hatda patyşanyň özi meniň käsämden çakyr içip, elimden çörek alyp iýendir!
Uzyn boýly saklandy-da, ýene-de oňa seretdi.
— Näme üçin sen bize üns bermekligi çözdüň?
Onuň gülküsi Rahawyň gaharyny getirdi, emma ol özüni ele alyp, ýuwaşlyk bilen jogap berdi.
— Eý ýigit, mende ýyllar boýy gazanylan akyldarlyk bardyr. Hawa, sen meni diňläp, biraz akylly bolaýsaň, onda bu akyldarlygymy seniň bilen paýlaşaryn.
Rahaw ýaranjaňly gülkünç sözler bilen gürrüňini dowam etdirýärdi, çünki olar derwezelere gaty ýakyn barypdylar we garawullar olary diňläp bilerdiler.
— Size näme gerekdigini men bilýändirin.
— Şeýlemi?
— Her bir adam iýmite we dynç almaklyga mätäçdir, — eger ol ýene-de Rahawdan ýüzüni öwürse, onda ol küýzäni oklar. — Käbirleri bolsa, akylly gürrüňler üçin gelýändirler.
Rahaw ýigidiň birden alada düşendigine üns berdi. Bir-birlerine doly düşünerleri ýaly Rahaw gülki bilen sorady:
— Şu wagt Iordan gaty çuň bolýandyr, şeýle dälmi?
Gaşlaryny galdyryp, Rahaw sesini kesdi.
Rahaw gereginden artyk sözlän bolsa gerek, henize çenli bir gezegem ol şunuň ýaly gaharjaň ýüzi görmändi.
— Biz ýadaw we açdyrys, — diýip, ýigit baş berdi.
— Meniň bilen ylalaşandygyňyza siz ökünmersiňiz.
— Biz nädip seni taparys?
— Men size derwezeleriň alnynda duşup, ýol görkezerin.
Wagtal-wagtal olara syn edýän garawullara göz edip, Rahaw daşary ýurtly ikisine howadan posa iberdi. Tolgunma zerarly Rahaw sandyraýardy. Ol kürsüden böküp düşdi-de, ýüpi çekip, perdäni ýapdy. Köçä tarap ylgamazyndan ozal ol elleri bilen saçlaryny daraşdyrdy.
Rahaw basgançaklar boýunça ylgap düşdi-de, burçdan sowuldy. Günüň iň yssy çagydy we köçede adam gaty kändi. Köpler irden işläp, indi bolsa dynç alýardylar. Rahaw derwezelere gireninde, syýahatçylary Kabylyň görendigine üns berdi. Haýallyk bilen ýöräp, Rahaw onuň ýanyna geldi. Sowuk daşa arka berip, ony çagyrdy:
— Kabyl!
Ol bolsa yzyna öwrülip güldi-de, öz ýerini taşlap, Rahawyň ýanyna bardy.
— Gözelim, günüň şeýle yssy çagynda köçä çykmaga seni näme mejbur etdi?
— Elbetde, sen, — diýip, Rahaw gülümjiräp jogap berdi.
Ol bolsa jogap edip, ýylgyryp:
— Bir baý täjir ýa-da pilişti ilçisi bolsa gerek.
Rahaw gaşlaryny galdyryp, oňa seretdi.
— Kim bilýär...
Kabyl gülümjiredi-de, onuň elinden tutdy we gözleri garaldy.
— Sen titreýärsiň.
— Düýn artyk çakyr içipdirin, — diýip, Rahaw onuň gylyjyny elläp, Kabyla ýakynlaşdy. Emma özi bolsa başga ýere seredýärdi. Iki amor esgeri derwezeden girdi.
— Sen meniň bilen içmediň ahyryn, — Kabyl onuň ýaňaklaryny owkalady. — Eger işden soň ýanyňa barsam we ikimiz bile içsek, näme diýersiň?
— Geljek birnäçe günleriň dowamynda çakyrdan saklanjakdyryn öýdýärin.
— Onda biz...
Rahaw degişen ýaly edip onuň elini şarpyklady. Iki daşary ýurtlulary hiç kim barlamady. Birnäçe şäher ýaşululary öz aralarynda jedelleşýärdiler we Kabylyň ýerini eýelän esger geýimleri tozan bilen örtülen iki amorlylara üns bermän, şol ýaşulylaryň gürrüňine gulak asýardy.
— Sen diňe meniň gaharymy getirmeklik üçin geldiňmi näme?
— Beýle bolup bilýän däldir, — diýip, Rahaw kellesini galdyrdy-da, göni onuň gözlerine seretdi. — Bilýäňmi, sen patyşanyň hyzmatyndaky iň owadan oglansyň öýdýän.
Kabyl şeýle bir özüne ynamlydy welin, hatda Rahawyň aýdanlarynyň dogrudygyna şühlelenmek barada hatda oýlanmady.
Kabyl hoşamaýlyk bilen ýylgyryp, bir zatlar diýmäge başlady, emma onuň bilen bilelikde bir wagtyň özünde jedelleşýän ýaşulylar bir-birlerine gazap bilen gygyryşdylar. Ol yzyna öwrüldi-de, daşary ýurtly ikisine üns berdi. Ýigitleriň uzuny Rahawa seredeninde, Kabyl gülümjiredi.
— Amorly esgerler? Şunuň ýaly özüňi peseldersiň diýip, hiç haçan oýlanmandym.
Rahaw eginlerini gysdy.
— Kim bilýär? Olarda patyşa üçin wajyp bolan täzelikler bolmagy mümkin.
Kabyl bu ýigitlere ýene bakdy, emma bu gezek ol howsalalyk bilen seretdi.
— Rahaw, häzir howply döwürdir. Bu ikisi içalylar bolmaklyry hem mümkindir.
Rahawyň ýüregi çalt urup başlady.
— Sen näme pikir edýäň?
— Olaryň saçlary gaty gysga.
— Belki-de, olar bir zatdan ant içen bolsalar gerek, — diýip, Rahaw onuň elini sypalap, emaý bilen ýylgyrdy. — Seniň aladaňa gaty guwanýandymy aýtmalydyryn, emma özüm üçin adamlary özümiň saýlamaklygyma rugsat beräý! Eger meniň işlerime garyşýandygyňy biläýse, onda bu patyşanyň göwnünden turmaz. Eger bular
— Sen patyşany goldaýaňmy näme?
Rahaw Kabyla seretdi.
— Onda seresap bol. Ysraýyllylar rehimsizdirler. Olar hatda aýallaradyr çagalara-da rehim edýän däldirler, — Kabylyň gara gözleri gorkudan doldy, emma Rahaw üçin däldi. — Men patyşa habar bereýin.
— Biraz garaş. Olaryň näme üçin gelendiklerini bilmezimizden öň olaryň gitmeklerini isleýän dälsiň?
Rahaw garawullaryň başlygyny gowy bilýärdi. Öz içinden pikirlenip, näme edende patyşa kän ýaranjakdygyny oýlanyp, biraz dymyp durdy. Rahaw oňa çözgüt teklip etdi.
— Bu iki amorlyny wagtlaýynça maňa tabşyr. Men olary oňat çakyr bilen serhoş edenimden soň ele almaklyk gaty ýeňil bolar.
— Görýän welin, sen mamla.
— Elbetde, men mamladyryn, — diýip, Rahaw onuň geýminiň düýrlenen ýerlerini düzedişdirdi. — Galyberse-de, men patyşany senden gowy bilýändirin.
Rahaw mekirlik bilen garawullaryň ýolbaşçysyna seretdi.
— Olar arkaly men oňat gazanç edinerin we eger sen maňa ýeterli wagt berseň, onda seniň bilen çaýlaşaryn.
Rahaw Kabylyň damarlarynyň ulalandyklaryna üns berdi. Onda açgözlük we borjuny ýerine ýetirmeklik duýgularynyň göreşýändigini Rahaw bilýärdi. Haýsy ýeňerkä: baýlyga küýsegmi ýa-da ysraýyl içalylary barada patyşa habar bermedigi üçin jezalandyrylmagyndan gorkusymy?
— Saňa başarnygymdan wagt bererin, — diýip, Kabyl sözüni tamamlady.
Kabyl ol ýerden aýrylanyndan soň, Rahaw derwezelerde söwda bilen meşgullanýan sesli ýeriholylaryň arasyndan tapawutlanmajak bolmaga synanyşýan iki erkege seretdi. Rahaw olara elini bulaýlady. Bu aýal bilen bile gitmeklige olar şu wagt ikirjeňlenýän bolsalar gerek, çünki olar Rahawyň garawullaryň başlygy bilen gürleşip durandygyny gördüler we özleri üçin duzak gurulýandyr öýtmekleri münkindir.
Kabyl olara syn edýärdi. Ol Rahawa gözüni gypyp: «Hany, bol! Pursatdan peýdalan!» diýdi. Rahaw onuň pikirlerini aňyp bilýärdi. Öz durmuşyny howp astyna goýandan, Rahawyňkyny goýany gowudyr. Goý, şeýle-de bolsun!
Ýaranjaňlyk bilen ýylgyryp, ýaş aýal ýigitlere ýakynlaşdy.
— Ýeriho şäherine hoş geldiňiz.
* * *
Salmon Rahawyň yzy bilen köçeden barýardy. Aralarynyň ýakyndygyna seretmezden, Rahaw oňa owadan ýaly bolup görnüpdi, indi bolsa, ol has ýakynda bolanynda, Rahawyň owadanlygyndan Salmonyň ruhy joşýardy. Ýumşy ýerine ýetirmeli pursadynda ol şeýle synaglara duçar bolaryn diýip oýlanan hem däldi, emma oňa Rahawyň satanlaryny seretmän, öz işi barada oýlanmaklyk gaty kyndy. Bu aýal näçe ýaşyndaka? Otuz? Otuz bäş? Diňe gözleri onuň ýaşy barada aýdýardylar.
Rahaw öýüniň gapysyny açyp, çaltlyk bilen girdi, onsoň otagynyň ortasynda saklanyp, sabyrsyzlyk bilen olary çagyrdy.
Salmon birinji bolup girdi, Epraýym bolsa onuň yzyna eýerdi.
— Sen ýöne seretsene, — diýip, Epraýym otagyň ortasynda duran ýerinden aýtdy. Salmon töweregine göz aýlady: dürli reňkli ýassyklar we gyzyl ýüplere asylan gyrmyzy perdeler otagy bezeýärdiler. Ol otagyň iň wajyp ýerini eýeleýän ýatylýan düşege seretmejek bolup synanyşdy. Howa bolsa, dürli hoşboý yslardan doludy. Görnüp durşy ýaly, onuň hyzmaty üçin oňat töleýän bolsalar gerek.
Olaryň yzysüre gapyny ýapyp, Rahaw örtgüsini aýyrdy.
— Men sizi gizlemelidirin!
— Eý aýal, sen näme diýjek bolýaň?
— Hiç zada düşünmeýän ýaly bolmaň. Siz ysraýyl içalylarysyňyz. Eger öňräk bu barada şübhelenen hem bolsam, indi doly ynamlydyryn, — diýip, Rahaw otagyň yzky diwaryndaky merdiwana tarap ylgady.
Epraýym geň galyp, Salmona seretdi.
— Biz nämäni nädogry etdikkäk?
Salmon bolsa Rahawa seredip durdy.
— Sen nädip bildiň?
Rahaw bolsa gözlerini mölerdip, başyny ýaýkady.
— Amorlylar şähere gelenlerinde, olar Ýerihonyň berkitmelerini ünsli öwrenýärler diýjek bolýaňmy sen?
Rahaw merdiwany otagyň ortasyna çekip getirdi.
— Seniň geýmiňde gan yzlary bardyr. Senden öň muny geýen adam şu eşikde öldürilen bolsa gerek.
Salmon onuň ýoluny bekledi. Bu aýaly öldürip, arkaýyn öz işlerini ýerine ýetirmeklik barada birsalymyň içinde ol oýlanyp ýetişdi. Rahaw göni durup, kellesini galdyrdy, onuň gara gözleri şeýle bir açykdy welin, hatda olarda Salmonyň aňy serpikýärdi.
— Meniň onuň bilen gürleşen esgerimi gördüňizmi? Ol siziň kimdigiňizi aňdy.
— Sen oňa aýtdyňmy?
— Onuň özi bildi, — Rahaw sabyrlylygyny ýitirip başlady. — Siz şähere seretmek üçin geldiňiz, şeýle dälmi ahyryn? Öz işiňizi doly ýerine ýetireriňiz ýaly şäherde ýeterlik wagt ýaşap bilseňiz, onda gowy bolar.
Ol Salmona merdiwany berip, üçege eltýän gapyny görkezdi.
— Çalt boluň, nämä garaşýarsyňyz? Patyşanyň nökerlerinemi?
Epraýym garşy çykdy.
— Olar ilki bilen üçegi gözden geçirerler!
— Eger sen otagyň ortasynda durmagyňy dowam etdirseň, onda olara gözlemekligiň geregi-de bolmaz!
Epraýym töweregine seredişdirdi.
— Oňatrak ýer bolmalydyr!
— Ajaýyp, — Rahaw ellerini biline goýdy. — Eger saňa üçek ýaramaýan bolsa, onda meniň düşegim nähili?
Gaty gorkan Epraýym çaltlyk bilen ýokary galdy.
Epraýymyň howsalaly gaçyşyny göreninde, Rahawyň gözlerinde agyry göründi.
— Seniň hut şeýle etjekdigiňi men bilýärdim.
Rahaw Salmona seretdi. Ol bolsa özüniň şu wagta çenli gören gözlerinden bularyň iň owadan gara gözlerdigi hakynda oýlandy. Ýeşuga bilen Kalebiň özge ýurtly aýallarynyň gaty howpludyklary barada kän duýduryş berendiklerine geň galar ýaly däl eken.
— Sen näme? — diýip, Rahaw gaýgyly ýylgyryş bilen sorady.
Salmon aýagyny merdiwanyň iň aşakky basgançagyna goýdy-da, ýene-de Rahawa seretdi.
— Seniň adyň kim?
— Rahaw. Emma şu pursat gürrüň üçin biziň wagtymyz ýokdur.
Olaryň yzy bilen Rahawyň özi hem ýokary galdy. Rahaw üm bilen olaryň ýatmaklaryny buýurdy.
— Şu ýerde ýatyň, men bolsa siziň üstüňizi örteýin.
Salmon oňa gulak asdy we indi bolsa, özlerini örtdürip, onuň hyzmat edişine syn edýärdi. Işini gutarandan soň Rahaw aşak egilip, pyşyrdady:
— Sizi oňaýly ýerleşdirip bilmeýändigim üçin bagyşlaň, emma men dolanyp gelýänçäm hereketlenmezligiňizi sizden haýyş edýän.
Rahaw yzy bilen üçegiň girelgesini ýapyp, otagyna düşmäge howlukdy.
— Biz öz janlarymyzy jelep aýala ynandyk! — diýip, Epraýym gyrylan sesi bilen aýtdy.
— Sende mundan oňat pikir barmy?
— Biziň gylyçlarymyz bar bolsady!
— Olaryň ýoklugy hem gowy, bolmasa biz bireýýäm Rahaw bilen gürrüň eden derweze goragçysynyň elinde bolardyk.
— Rahaw? Sen onuň adyny soradyňmy?
— Şeýle ýagdaýda bu akylly bolar.
— Onuň bilen seniň näme işiň bar? — diýip, Epraýym sorady. — Onuň kimdigini sen bilýärsiň ahyryn? — diýeninde, onuň sesinde ýigrenç eşidildi.
— Ýuwaş bol!
— Biz gorkaklar kimin bu ýerde gizlenmelidirismi näme? Bu aýaly öldürip, öz işlerimiz bilen bolsak gowy bolardy.
Epraýym ýerinden turup ýetişmänkä, Salmon ony tutup ýetişdi.
— Näme ýumuş bilen bizi şu ýere goýberen bolsalar, şony-da ýerine ýetirmeklik oňatdyr! Şähere girip, maglumat toplap, onsoň şäherden çykmalydygymyzy Ýeşuganyň aýdanyny ýadyňdan çykaraýdyňmy? Ol bizi gan dökmek üçin ibermedi, — diýip, Salmon dostuny goýberdi. Patyşa bilen bile çörek iýen jelep aýaldan başga kim Ýerihoda bolup geçýänleri oňat bilsin?
— Öldürerlerine garaşyp, aýalyň köýneginiň aşagynda gizleneniňden, söweş meýdanynda öleniň gowudyr!
— Biz onuň köýneginiň aşagynda gizlenýän däldiris, — diýip, Salmon ýylgyryp aýtdy. — Biz saman aşagynda gizlenýändiris.
— Sen näme üçin gülýäň? Bu aýalyň özi patyşa barada gürrüň berdi. Näme üçin biz jelep aýala ynanmalydyrys?
— Sen oňa seretmediňmi näme?
— Seniňki ýaly ünsli seretmedim.
— Patyşanyň ünsüni çeker ýaly ol gaty owadan aýal.
— Belki şeýledir, emma şol garawulyň ony nädip gowy tanaýandygyna sen üns berdiňmi? Bu aýal şäheriň her bir erkegi bilen we şeýlede bu ýere gelýän ýüzlerçesi bilen «ýakyndan tanyş» bolsa gerek.
— Onda ol şäherde bolup geçýänleri anyk bilýän bolmalydyr.
— Hawa, şeýle-de, adamlara belli bolan ähli keseller bilen hem kesel bolmagy ahmaldyr.
— Köşeş! Biz Hudaýyň özümizi getiren ýerindediris.
Dostunyň sözlerine özüniň çynlakaý gaharlanandygyna Salmon geň galdy. Rahaw hakykatdan-da Epraýymyň baha berşi ýaly bolmaklygy ahmaldyr. Onda näme üçin Salmon ol aýaly bar güýji bilen goramaga synanyşýarka? Näme üçin ol öz durmuşlaryny şeýle aýala ynandyka?
Özüni ele aljak bolup, Salmon uludan demini aldy.
— Mümkinçilik bar bolanynda, dynç almagymyz gowudyr. Mende şeýle duýgy bar — näme boljakdygyna seretmezden, biz bu diwarlaryň içinde uzak wagtlap bolmarys.
* * *
Patyşanyň adamlarynyň sabyrsyzlyk bilen geljekdiklerini Rahaw bilýärdi. Iki ysraýyllylary garşy alyp, derwezelerden daşlaşanynda, Kabyl şähere giren iki daşary ýurtly barada habar bermek üçin özüniň başlygynyň ýanyna ylgan bolsa gerek.
Rahaw çaltlyk bilen merdiwandan aşak düşüp, ony ýerde goýdy.
— Rahaw! Gapyny aç!
Elleri bilen ýüzüniň derlerini süpürişdirende, onuň ýüregi dürküldäp urýardy. Saçlaryny daraşdyryp, köýnegini düzedişdirip, Rahaw gapyny giňden açdy we gapynyň arkasynda duran erkegi göreninde, özüni ýeňil alyp bardy.
— Kabyl, sen irräk gelersiň diýip oýlapdym.
Tolgunýan we damarlary çekilen Kabyl ýerinden gozganman durdy. Onuň arkasynda göreşe taýyn bolan ýaragly esgerler durdular. Rahaw olaryň gözlerinde gorkyny gördi. Olaryň gorkulary Rahawyň öz gorkusyna meňzeýärdi, emma ol başga zatdan gorkýardy. Eger Kabyl öz borjy boýunça hereket etse, onda ol üçek bilen bilelikde öýüň hemme ýerini barlamalydyr. Eger-de ol içalylary tapaýsa, onda Rahawa ölüm garaşýandyr.
— Patyşanyň karary bilen men seniň öýüňe gelen iki erkegi äkitmelidirin. Olar biziň üstümize nädip çozmaklygy anyklamak üçin gelen ysraýyl içalylarydyrlar, — diýip, ol otaga seretdi. — Olary öýüňden çykar.
— Ol adamlar bu ýerde boldular, emma olaryň kimdiklerini men bilmedim. Derwezeleriň ýapylmazynyň öň ýanynda, garaňky aralaşanynda olar şäherden çykdylar we olaryň nirä gidendiklerini men bilmeýärin. Eger howlugaýsaňyz, onda hökman olaryň yzlaryndan ýetersiňiz.
— Olar nirä gitdiler?
— Men bilmeýärin, — diýip, Rahaw gaýtalady. Indi Kabyla ol iki içalylardan-da elhenç zat garaşýandyr. Ol ysraýyllylaryň tutulyp, türmä taşlanmadyklary sebäpli gazaba münen patyşanyň öňünde jogap bermeli bolar.
— Çalt boluň! Olaryň yzlaryndan ylgaň! Eger howluksaňyz, onda olary tutmagyňyz üçin sizde wagt bardyr!
Kabyl Rahawa ynandy. Eger Rahaw şu güne çenli özüniň patyşa bolan wepalylygyny subut edip gelen bolsa, onda Kabyl nädip oňa ynanman bilsin? Daşary ýurtly adamlardan ýygnan maglumatlary sebäpli ol öz durmuşyny oňarmandymy näme? Bu işi üçin ol patyşadan sylaglar almaýardymy näme? Kabyly ýola ibermek üçin bu aýalyň ýekeje sözi ýeterlikdi. Aýaklarynyň köwüşleriniň sesi bilen yzyna öwrülip, garawullaryň başlygy buýrugyny ýene bir gezek gygyrdy-da, göni derwezelere tarap ugrady.
Rahaw daşa çykdy-da, esgerleriň garaňkylykda gözden ýitip gidendiklerine syn etdi. Onsoň ol öýüne dolanyp geldi-de, gapyny gulplap, penjirä tarap ylgady. Elleriniň aýasy derläpdi, ýüregi dürküldeýärdi. Kabyl esgerleri bilen derwezelere ýetipdi. Onuň derwezeleriň açylmagyny buýrandygyny Rahaw eşitdi. Eger Kabyl birsalym saklanyp, garawullardan soran bolsady, onda ysraýyl içalylaryna meňzeşleriň şäherden çykmandyklaryny bilerdi.
Kabyly şäher derwezeleriniň arka tarapynda göreninde, Rahaw ýeňillik bilen demini aldy. Beýleki esgerler hem başlygyň yzy bilen gidýärdiler. Olar gündogara, Iordana tarap ugraýardylar. Indi bolsa olar içalylaryň derýadan geçip ýetişmänkäler, olary tutjakdyklaryna ynamly bolup, ellerindäki naýzalary bilen ylgaýardylar. Olaryň yzy bilen derwezeleri beklediler.
Rahaw gözlerini ýumup, ýylgyrdy. Ol ýene birsalym garaşdy we Kabylyň öz esgerleri bilen daşdadygyna göz ýetirip, bir küýze çakyry, çöregi we hurmadyr narly sebedi eline aldy. Ýene-de merdiwany galdyryp, ýokary galmaga başlady.
Üçekde erkekler ümsümdiler. Belki-de, olar bireýýäm uklandyrlar? Getiren nygmatlaryny goýdy-da, üçek boýunça ýöräp, samanlary aýryşdyrdy. Rahaw olary gorkuzmak islemeýärdi.
— Esgerler eýýäm gitdiler. Çykyp bilersiňiz.
Uzyn boýly ilkinji bolup ýerinden turdy we Rahawa seretdi. Rahaw onuň ünsli bakyşyny duýdy. Bu uzyn boýly Rahawyň göwnünden turýardy. Emma bu ýigit aýalyň ýakynlaşýandygy zerarly gaty tolgunýardy. Tä ýoldaşy ýerinden turýança ol ümsüm oturdy.
— Biz gykylyk seslerini eşitdik.
Rahaw olary köşeşdirjek boldy.
— Sizi tutjak bolup, esgerler şäherden çykdylar, — diýip, Rahaw ellerini uzadanda, özüniň titreýändigini duýdy. — Men size çörekdir çakyr getirdim.
Ysraýyllylaryň aljyraňňylyga düşendigini Rahaw bilýärdi. Çünki Rahaw Ýerihonyň ýaşaýjysy, şeýle-de jelep aýaldy. Näme üçin olar bu aýala ynanmalydyrlar? Näme üçin özlerini kenganly aýalyň gorandygyna haýran galýan bolsalar gerek. Şeýle-de, onuň şeýle çaltlyk bilen esgerlerden azat bolandygy we esgerleriň hatda öýi barlamandyklary barada geň galyp oýlanýan bolsalar gerek. Näme üçin bu ysraýyllylar jelep aýalyň sözlerine ynanmalydyrlar? Emma olar ynanmalydylar, cünki köpleriň durmuşy hut olara baglydy.
Rahaw ellerini aşak sallap, ysraýyllylara seretdi.
— Bu ýeri Hudaýyň size berendigini men bilýärin, — diýip, Rahaw aýtdy. — Biziň barymyz sizden gorkýandyrys. Hemmeler gorky astynda ýaşaýandyrlar. Müsürden çykanyňyzda, Hudaýyň siziň öňüňizde Duzly deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar. Siz olaryň halklaryny doly gyrdyňyz. Biziň ýüreklerimiziň gorkudan sandyraýandyklary geň zat däldir.
Olaryň bu ýere gelmekleriniň nähili wajyplygynyň bardygyna Rahaw hiç düşünip bilmedi. Bu ýeriň özlerine degişlidigini olaryň özleri Rahawdan-da gowy bilýärdiler ahyryn! Bireýýäm Hudaýyň olara beren ýerine gelip, içalylyk etmekligiň näme ähmiýeti bar? Olar şübhelendilermikä? Ýa-da olar ruhlanmaga mätäçmikäler?
— Bolan zatlary eşideninden soň, siziň bilen göreşmäge batyrgaýlyk edýän esger ýokdur. Çünki siziň Hudaýyňyz — ýokardaky göklerde we aşakdaky ýerde iň beýik Hudaýdyr ahyryn!
Rahawyň gözleri gözýaşlardan doldy, ýüregi bolsa Hudaýyň saýlan halkynyň bir bölegi bolmaklyk isleginden ýaryljak bolýardy.
Zordan demini alyp, ol ýakynrak geldi-de, elini uzatdy.
— Indi bolsa, meniň size kömek edenim üçin maňa we meniň maşgalama rehim etjekdigiňize Hudaýyň adyndan ant içiň. Ýeriho ýykylanda, meniň, kakam bilen ejemiň, doganlarym bilen olaryň maşgalalarynyň janlaryny saklajakdygyňyzyň anyk alamatyny maňa beriň.
— Uzyn boýly Rahawa çiňerlip garap duran ýoldaşyna seretdi. Aý şöhle saçýardy we Rahawyň bu sözlerinden onuň doňup galandygyny görüp bolýardy. Uzyn boýly ýene-de Rahawa seretdi we ýigidiň gözlerinde bilesigelijilik we şadyýanlyk görünýärdi.
— Meniň adym Salmon, bu bolsa — Epraýym. Biziň janymyz siziň howpsuzlygyňyzyň girewi bolar.
Rahaw ýeňillik bilen demini aldy we ýüregi minnetdarlykdan doldy. Onsoň ol ikinjä seredip, onuň özüni alyp barşyna syn etdi.
— Men razy, — diýip, Epraýym Salmona gahar bilen seretdi-de, keýpsiz halda aýtdy. Onsoň ýene-de Rahawa seretdi. — Eger sen bizi satmasaň, onda Hudaý bu ýeri bize berende, biz öz wadamyzda durarys.
Ruhlanan Rahaw şadyýanlyk bilen ýylgyrdy. Ol bu ysraýyllylara özüniň we özüne ýakyn bolanlaryň durmuşlaryny ynandy. Ol ysraýyllylary Hudaýyň adyndan ant içmeklige mejbur etdi. Olar bolsa, öz wadalaryny bozup bilmezler. Gudratygüýçli Hudaýa bolan ynamlary bu wadany ýerine ýetirmäge olary mejbur eder.
— Haýyş, — diýip, Rahaw üçegiň burçlarynda duran ýassyklary eli bilen görkezip aýtdy, — oturyň. Amatly ýerleşiň. Siz meniň myhmanlarymsyňyz.
Rahaw näz-nygmatlary hödürlemäge girişdi.
— Size näme hödür edip bilerin? Mende hurma, bal, kişmişli çörekdir çakyr bar.
— Hiç zat, — diýip, Epraýym sowuk jogap berdi.
— Sag boluň, — diýip, Salmon ýoldaşynyň jogabyny mylaýymsyratmaga çalyşdy.
Rahaw olara üns bilen seretdi. Öz janyny we maşgalasynyň janlaryny halas etmeklige wada berendiklerine seretmezden, olar Rahaw bilen gürleşmek islemeýärdiler. Esasan-da, Epraýym diýýänleri özüni gödek alyp barýardy. Ol Rahawyň özüni edil daş astyndan çykan bir mör-möjek ýaly duýmaklyga mejbur etdi. Beýleki ýigit bolsa, oňa gizlin bolmadyk bilesigelijilik bilen seredýärdi. Rahaw ýassykda oturdy-da, oňa seretdi.
— Soraý! Sen näme bilmek isleýäň?
Ol üns bilen Rahawyň gözlerine seretdi.
— Nädip sen biziň Hudaýymyza bolan ynama geldiň?
— Ýaş çagymdan başlap, men Ol barada gürrüňler eşiderdim.
— Edil Ýerihonyň beýleki ýaşaýjylary kimin.
Rahaw gözüni gypdy.
— Men muny anyk bilýän we beýlekileriň ynanmanlarynda, näme üçin özümiň ynanandygymy düşündirip bilmeýän.
— Seniň halkyň gorky astyndadyr, — diýip, Epraýym aýtdy. — Derwezeleriň alnynda biz bu barada kän eşitdik.
— Hawa, olar edil her bir basybalyjylardan gorkýanlary kimin sizden hem gorkýarlar. Emma ýeňşi siziň Hudaýyňyzyň berýändigine olar düşünmeýärler.
Salmon Rahawa seredende, ýigidiň gözleri nur saçýardy. Ol aýalyň bedenine göz gezdirip, edil ony bütinleý gujaklajak ýalydy. Özüniň oňa ýaraýandygyna Rahaw ýeňillik bilen düşünip bilýärdi. Onuň özüne-de bu ýigidiň ünsi ýakymlydy. Ol gaty görmegeý ýigitdi.
Epraýym bolsa aýala öz ýerini görkezmäge taýyna meňzeýärdi.
— Seniň öz hudaýlaryň bar.
— Hiç bir peýda bermeýän agaç şekilleri, — diýip, Rahaw butlara bolan ýigrenç bilen aýtdy. — Hiç bolmanda olaryň ýekejesini sen meniň öýümde gördüňmi?
Epraýymyň özüni erbet duýandygy mälim boldy.
— Aşak düş, — diýip, Rahaw merdiwany görkezdi. — Tekjäni aç. Perdeleriň aňyrsyna, düşegiň aşagyna seret. Islän ýeriňden gözle, Epraýym. Meniň öýümde sen butlardyr doga-tumarlaryň ýekejesini-de tapmarsyň. Men bu hudaýlara bolan ynamymy bireýýäm ýitirdim.
— Näme üçin?
Görnüşi ýaly bu ýewreý Rahawy çyndan synamaga niýetlenene meňzeýär. Goý, şeýle-de bolsun. Rahaw jogap bermäge taýyndy.
— Bu butlar meni halas edip bilmediler. Bu zatlar bary-ýogy adamyň ýasan zatlarydyr, adamyň bolsa nähili gowşakdygyny men bilýärin — diýip, Rahaw haýyş edýän halda ellerini uzatdy. — Men siziň halkyňyzyň arasynda ýaşamak isleýän.
Epraýym ýüzüni çytdy-da, Salmona seretdi.
Salmon bolsa azajyk öňe egildi.
— Biziň kanun boýunça ýaşaýandygymyzy sen bilmelisiň. Bu kanunlary bize Hudaýyň Özi berendir.
Erkekleriň bir-birlerine çaltlyk bilen seredendiklerine Rahaw üns berdi we aýdylanlaryň özüne degişlidigine düşündi.
Salmon birsalym oýlandy we onsoň ýuwaşja şeýle diýdi:
— Jeleplikdir zynany gadagan edýän kanunlar bardyr.
Rahawyň kärini höküm etmeklikde Epraýym ýumşak däldi.
— Jelepçilik gadagandyr. Bu işe baş goşan her kes jezalandyrylmalydyr.
Rahaw özüniň penjireden uzalyp, beýleki ýüzlerçe erkekleri çagyryşy ýaly bulary hem çagyrandygy ýadyna saldy. Ýüzi gyzyl reňke boýaldy. Rahaw hiç haçan-da şunuň ýaly özüne bolan ýigrenji duýmandy. Ysraýyllylaryň şübhelenendiklerine geň galar ýaly däl. Olaryň Rahawyň saçagyndan iýmändikleri we bir damja-da içgi içmändikleri geň zat däl. Rahaw utançdan ýanyp barýardy.
— Bu durmuşy meniň özüm saýlamadym, — diýip, özüni gorajak bolup aýtdy. — Heniz kiçijik gyzkam, kakam meni patyşa sowgat etdi we men hiç zat diýip bilmedim.
Salmonyň ýüzüni çytandygyny görüp, Rahaw sakyndy. Onuň nädip jelepçilige baş urandygynyň sebäbini bilmekligiň näme ähmiýeti bar? Munuň erbetdigini Rahaw ilkinji günden başlap duýdy. Onuň kiçijik gyz bolup, kakasynyň diýenine gulak asmaly bolanynda näme? Öz kärini ençeme ýyllaryň içinde dowam etdirip, şol arkaly baýlyk gazanmagyny bu aklap bilermi? Ýok! Rahaw ýüzüni çytyp, ýewreýleriň özüne ünsli seredýändiklerini duýup, yzyna öwrüldi. Biraz köşeşeninden soň, Rahaw ýene-de olara seretdi.
— Eger jelepçilik Hudaýa ýigrenç bolsa, onda men ony taşlaryn.
Salmon ýerinden turdy-da, üçegiň gyrasyna bardy. Ol uzak wagtlap şähere seretdi we ýene-de yzyna öwrülip, Rahawa seretdi.
— Biz indi gitmelidiris, — diýdi. — Epraýym, biz öz ýumşumyzy ýerine ýetirendiris.
Rahaw birden ýerinden turdy. Indi ol çaltlyk bilen hereket etmelidigini bilýärdi. Rahaw merdiwan boýunça jaýa düşdi we erkekler hem onuň yzyna eýerdiler. Otagdan geçip, ol perdäniň gyzyl reňkli ýüpüni çözdi-de, ony düzedişdirdi.
— Siz derwezelerden çykyp bilmersiňiz. Şu ýüp boýunça penjireden aşak düşüň.
Rahaw ýüpi dolady-da, penjirä ýakynlaşdy we ýüpi aşak sallady. Rahaw penjireden kellesini çykaryp, diwar boýunça aşak inýän ýüpe seretdi.
— Ýüpüň ýere ýetmekligine on tirsek galýar.
— Bu gorkunç däldir, — diýip, Salmon Rahawyň elinden ýüpi aldy. — Sen birinji, — diýip, ol dostuna seretdi. Epraýym penjirä çykdy.
— Duruň! — diýip, Rahaw ýüzlendi. — Kowguçylara duşmazlygyňyz üçin daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň.
Epraýym ýüpi eline aldy-da, aşak düşüp başlady. Rahaw diwardan gaçýan ownuk daşlaryň ýuwaş sesini, ýere düşeninde bolsa, Epraýymyň dymyk urgy sesini eşitdi. Salmon Rahawa ýüpi tutdurdy-da, penjirä çykdy.
— Rahaw, maňa gulak as. Eger şu gyzyl ýüp biziň üçin bellik hökmünde seniň penjiräňden asylgy dursa, diňe şonda biz seni halas etjekdigimizi wada berip bilýändiris. Maşgalaňyň ähli agzalary: kakaň, ejeň, doganlaryň we garyndaşlaryňyzyň bary seniň öýüňe üýşmeli bolarlar. Eger olar köçä çyksalar, onda öldürilerler, biz bolsa öz wadamyzdan azatdyrys. Emma seniň öýüňdäkileriň barynyň diri galjakdyklaryny biz saňa wada berýäris. Hiç kim size el degirmez.
Minnetdarlykdan dolan Rahaw aglamazlyk üçin dodaklaryny dişleýärdi.
Salmon eýýäm aşak düşmäge girişipdi we ýene-de bir gezek Rahawa seredip, şeýle diýdi:
— Emma sen bizi satsaň, onda biz öz wadamyzdan azatdyrys.
— Men siziň şertleriňizi kabul edýärin, — diýip, Rahaw jogap berdi.
Salmonyň gözleriniň garaýşy çaltlyk bilen üýtgedi, olarda mähir peýda boldy. Ol ýüpi aşak goýberdi-de, eliniň aýasyny Rahawyň kellesine degirdi. Rahawyň ýüregi tas saklanypdy we özüni Salmon ogşajak bolýarmyka diýip oýlady.
— Gorkma, men seniň yzyňdan gelerin.
— Men garaşaryn.
Salmon ony goýberip, ýüpden ýapyşdy.
— Meni saklar ýaly seniň güýjüň ýetermikä?
Rahaw ýylgyrdy.
— Güýçli bolmaly bolaryn!
Rahaw bar güýji bilen synanyşdy. Indi saklap biljek däl diýesi gelende, özünde bir ýerden güýjüň gelendigini aňdy.
Salmon ýüpi goýberende, Rahaw penjireden aşak seretdi. Olaryň ikisi-de göni penjiräň aşagynda durdular. Epraýym seresaplylyk bilen daş-töweregine göz aýlady, Salmon bolsa Rahawa ýylgyrdy-da, elini bulaýlady. Rahaw hem olary howlukdyryp, jogap edip elini bulaýlady. Daglara tarap gidýän ýola düşenlerinde bolsa, Rahaw ýylgyrdy.
Üçünji bap
Salmon bilen Epraýym daglara tarap gidýärdiler. Kiçijik çeşmäniň boýunda saklananlarynda, bireýýäm gün ýaşypdy. Olaryň ikisi-de dyzlaryna çöküp, çeşmeden suw içýärdiler.
Epraýym çeşmeden birnäçe balyk tutdy-da, ot ýakyp duran Salmona atdy. Salmon bolsa olary arassalady-da, taýakdan geçirip, otda bişirdi. Ol hiç haçan mannadan başga zat iýmändi we balyk onuň üçin gyzykly we ýakymly boldy. Iýip doýanlaryndan soň, olar geçilerini suwa ýakmaga gelýän kengan çopanyny gördüler. Emma daşary ýurtly ikisini görüp, ol geçilerini günbatara tarap äkitdi.
— Nätanyşlardan gorkýar, — diýip, Epraýym aýtdy.
— Hudaýyň gorkusy bütin ýer ýüzünde.
Ahyrynda ýadawlyk olary ýeňdi. Salmon otlaryň ýumşak halysynyň üstünde uzalyp ýatdy. Gözleri ýumulyp barýardy.
— Tizara biziň göçe-göçlügimiz tamamlanar.
Ol ýeriň goýy ysyndan uludan dem aldy. Mawy asmanda bulut owlajyklary peýda boldy.
Onuň düýşüne penjireden seredip duran bir owadan aýal giripdir. Onuň gap-gara burum-burum ajaýyp saçlary şemalda ýelpildiýärmişin.
* * *
Ertesi gün Kabyl bilen esgerleriň dolanyp gelendiklerini Rahaw gördi. Derwezeler heniz açykdy. Heniz gaty daşdakalar, olaryň kowguçylarynyň hiç hili üstünlige eýe bolmadyklaryny aňyp bolýardy. Esgerler ýadaw we keýpsiz görünýärdiler. Özüni Kabylyň görmezligi üçin Rahaw penjireden daşlaşdy.
— Rahaw!
Rahaw jogap bermedi. Özüni rahat goýup, aýdan sözlerini Kabyl şübhe astyna goýmaz ýa-da özüniň jemgyýetinde rahatlanma gözlemez diýip, Rahaw umyt edýärdi. Rahaw ony görmek islemeýärdi. Patyşa ony düýn ýanyna çagyrypdy we Rahaw esgerlere aýdanlaryny sözme-söz gaýtalapdy. Patyşa oňa ynanypdy. Şonuň bilen bary gutarypdy.
Giç agşamda Kabyl gapyny kakanda, Rahaw tolgunýandygyny görkezmezlige synanyşyp, oňa gapyny açdy. Onuň patyşanyň buýrugy bilen däl-de, öz islegi bilen gelendigine doly göz ýetirip, Rahaw özüni erbet duýýandygyny aýdyp, ony yzyna goýberdi. Rahaw ony aldamady. Ol dogrudanam özüni erbet duýýardy: Kabyl sebäpli, özüniň alyp barýan durmuşy sebäpli ol özüni erbet duýýardy. Bu şäheriň ähli ýaşaýjylary özleriniň gopbamsylygy we tekepbirligi zerarly öljekdikleri üçin hem Rahaw özüni erbet duýýardy. Olaryň ölümlerine Rahaw şatlanmaýardy, emma olardan daş durýardy. Ol öz otagynda gizlenip, halas bolmaklyga garaşyp, penjiräniň ýanynda durmak isleýärdi.
Ýöne halas etmeklik üçin ýene başgalar hem bardy.
Ýene bir gije geçdi. Üçünji gün Rahaw öýünden çykdy-da, söwda etmek üçin bazara tarap ýola düşdi. Kakasynyň şol ýerde boljakdygyny ol bilýärdi. Kakasy bazarda kakadylan hurma, kişmiş we däne satýardy. Rahaw kakasynyň ýanyna gelende, ol gyzyna ýylgyrdy-da, öňündäki satyja tarap öwrüldi. Rahawyň ýüregi ýylady. Rahawyň kabul eden kararlarynda kakasy hiç haçan-da gyzyna käýemeýärdi. Bir döwüm çörek üçin gazanç etjek bolup, kakasy hemişe kemsitmelere duçar bolýardy. Şonuň üçin hem ol gyzyna gowy düşünýärdi we ony güýçli söýýärdi. Patyşa Rahawy ýanyna çagyranynda, onuň ejesinde uly umytlar peýda bolupdy. Ejesi gyzynyň owadanlygynyň güýjüne ynamlydy. Rahaw bolsa, beýle bolgusyz pikiri oýlamaýardy. Erkekler hemişelik däldirler. Esasan-da at-abraýly erkekler. Şonuň üçin hem Rahaw patyşa bilen özüniň gatnaşygy uzaga çeker diýip oýlamandy. Patyşanyň hyzmatynda özüne orun tapanyna çenli uzak bolmagy wajypdy. Öz arzuwyna ýetmek Rahawa başardypdy. Indi onuň hemişelik girdeji çeşmesi bardy, garyndaşlarynyň gopbamsylygy rugsat bereninde, hatda Rahaw olara maddy taýdan kömek hem edip bilýärdi.
Rahaw patyşanyň ýatalgasyna gireninde, ne kakasy, ne-de doganlary ony höküm etdiler. Köşgi taşlamaly bolanda bolsa, olaryň Rahawa göwünleri agyrmady. Özüniň garaşsyz bolup ýaşabam, kakasy we doganlaryndan hem köp gazanç edip bilýänini subut edýänçä olar Rahawa gaýgyly sabyrlylyk bilen gatnaşyk etdiler. Olar mätäç bolanlarynda, Rahaw olara pul kömegini edip bilerdi; özüniň ýaranlaryndan alýan sowgatlaryň ejesine, gyz jigilerine we gelnejelerine-de ýetirilmegi barada alada ederdi. Rahaw muny gopbamsylygy ýa-da özüni borçly hasaplany üçin däl-de, diňe olary söýýänligi üçin edýärdi.
— Täze gün saňa näme täzelik getirdi, gyzym?
— Ol umyt getirdi, kaka.
— Umyt — bu gaty gowy. Gel, garry bilen otur, soňky günlerde eşiden täzelikleriňden gürrüň ber.
Ol iki sany kürsi tapdy-da, olaryň birinde özi oturdy, beýlekisinde bolsa, Rahawyň oturmagyny teklip etdi. Rahaw kakasynyň aýagyny owkalaýandygyna üns berdi. Agyr işleriň ýyllary özleri barada gürrüň berýärdiler, şu gün bolsa, onuň aýaklary gaty agyrýan bolmagy ahmal. Emma ol bu barada aýtmaklygy halamaýardy.
— Ejem nähili?
— Oňat. Gelinleri zygyr işläp gutarýançalar, ejeň agtyklary bilen oturýar.
— Doganlarym nähili?
— Şäherde işleýärler.
Kakasynyň aýaklaryny owkalap, agyrydan ýüzüni çytandygyna geň galasy ýok.
— Sen ýene-de hurma agaçlaryna çykypsyň.
Onuň başga saýlawy barmydy ahyryn? Patyşa şäherde berkitmeler gurmaklygy Rahawyň doganlaryna buýrupdy, indi bolsa, bu garry goja ogullarynyň işlerini özi ýerine ýetirmelidi.
— Kaka! Henizem boýnuňy döwmändigiň üçin bagtyň gelipdir!
— Ogullarym maňa däl-de, patyşa üçin peýdalydyrlar.
— Ol iň beýik berkitmeleri gurup biler, emma olar oňa kömek etmez.
Kakasy aýaklaryny owkalamagyny bes etdirip, başyny galdyrdy.
— Ysraýyllylar Şittimde saklanypdyrlar.
— Uzak wagtlap däldir.
— Uzak wagtlap däl?
— Ýok. Hudaý olara bu ýeri bireýýäm berendir.
Goja gyzynyň ýüzüne bakyp, tiz-tiz gözüni gypýardy.
— Birnäçe gün ozal şäherde ysraýyl içalylarynyň bolandyklaryny eşitdim.
— Häzir olar eýýäm öz düşelgelerinde bolmaklary ahmal.
Kakasynyň gözleri gorkudan doldy.
— Olaryň gaçmaklaryna sen kömek etdiňmi?
Rahaw öňe egildi-de, kakasynyň haldan gaçan ellerinden tutdy.
— Kaka, men dogry aýdýan.
Kakasynyň elleri sowady we gyzynyň gözlerine göni seretdi.
— Sen näme etdiň?
— Eger biz wadany ýerine ýetirsek, onda men biziň halas bolmaklygymyzyň ýoluny tapdym. Agşam gel, men saňa baryny gürrüň bererin.
— Olar şähere çozarlarmy?
— Hawa, kaka. Olar ony ýumrarlar, — diýip, Rahaw ýerinden turdy-da, kakasyny ogşamaklyk üçin aşak egildi. — Emma biziň halas bolmaklygymyz golaýdyr.
* * *
Kakasy ýany bilen ogullaryny hem getirdi. Rahaw olary gyzgyn garşy aldy we saçak başynda oturdy. Çakyr guýdy-da, iýmekligi hödür etdi.
— Men aç däl, — diýip, dogany Müsür jogap berdi. — Bizi çagyrypsyň diýip kakam aýtdy.
— Iýmit gürrüňe päsgel berýän däldir.
— Ysraýyllylar Iordanyň aňyrsynda duranlarynda, nädip işdäň açyk bolup bilsin?
Gorkan we gaharlanan kiçi dogany Ýogap Rahawa çiňerlip seredýärdi.
— Seniň ysraýylly içalylary kabul edendigiňi kakam aýtdy. Özüňiň we biziň janymyzy howp astyna salar ýaly seni näme beýle etmäge mejbur etdi? Eger patyşa bilse...
— Olaryň meniň öýümde bolandyklaryny patyşa bilýär, — diýip, Rahaw aýtdy-da, üç erkekleriň-de ýüzleriniň bir wagtda agarandyklaryna üns berdi. — Olaryň yzlaryndan patyşa öz adamlaryny goýberdi, emma men şol daşary ýurtly adamlar bireýýäm şägerden çykdylar diýip aýtdym.
— Onda şol ysraýyllylar Iordandan geçip ýetişen bolsalar gerek, — diýip, Müsür aýtdy. Eger olary tutan bolsadylar, onda olaryň kelleleri bireýýäm galanyň diwarlaryndan asylgy durardylar.
Rahaw ýylgyrdy.
— Olary tutup bilmediler, çünki men olary üçekde gizledim.
— Sen... näme? — diýip, kakasy zordan gürledi.
— Men olary gizledim we olaryň ýüp bilen penjireden aşak düşmeklerine kömek berdim. Onsoňam olaryň daglarda üç günläp gizlenmeklerini we diňe şondan soň Iordandan geçmeklerini maslahat berdim.
Kakasy we doganlary Rahawa çiňerilip seredip durdular. Müsür böküp aýagyna galdy.
— Eý, hudaýlar, sen näme etdiň?
Ýogap bolsa umytsyzlyk bilen kellesini tutdy.
— Seniň dönükligiň üçin biziň barymyz öleris.
— Men ýöne ýaşaýşy teklip edýän tarapy saýladym, — diýip, Rahaw aýtdy.
—
Rahaw gaharyny saklady. Ol maşgalasyna gaty kän kömek edýärdi, Müsüriň bolsa ony günäkärlemäge haky barmy näme?
— Ine hut şonuň üçin hem men sizi çagyrdym, — diýip, Rahaw şeraply küýzäni saçagyň ortasynda goýdy-da, olaryň ýanynda oturdy. — Kaka, birnäçe ýyl mundan ozal golaýdyky tokaýjykda sen ysraýyl içalysyna duşupdyň. Onuň gözünde ýene-de dolanyp gelmekligiň berk çözgüdini okandygyňy aýdypdyň.
— Olar dolanyp geldiler-de, ýeňildiler.
— Hawa, emma olar şonda öz Hudaýlarynyň sandygyny ýanlary bilen getirmändiler. Sen maňa şeýle gürrüň beren dälmidiň?
— Hawa, — diýip, kakasy geçmişi ýatlap, ýüzüni çytdy.
— Musa dünýäden ötüpdir diýip men eşitdim, — diýip, Müsür aşak oturdy.
— Munuň ähmiýeti bar diýip oýlaýarsyňyzmy? — Özüniň içalylar bilen eden şertnamasynyň halas bolmaklygyň ýeke-täk mümkinçiligidigini olara düşündirmegi Rahaw berk çözüpdi. — Özüniň bütin beýikligine seretmezden, Musa bary-ýogy adamdy. Emma bu halk ähli zady ýaradan Hudaýyň goragy astyndadyr. Olar birinji gezek bu ýere dag eteklerinde dargan bir topbak ogrular kimin girdiler. Olar ýeňildiler, çünki olaryň Hudaýy olar bilen däldi. Emma bu gezek bolsa Ol öz halky bilendir. Derýanyň aňry tarapynda ysraýyllylaryň täze neslidir. Olar öz Hudaýlarynyň buýrugyna garaşýandyrlar. Müsür, sesiňi bes et! Saňa diýýänlerine gulak goý. Wagty gelende, ysraýyllylar Iordandan
— Olar Ýerihony alyp bilmezler, — diýip, Müsür çakyrly käsesini galdyryp aýtdy. — Men berkitmelerde geçen doly aý wagtyndan bäri işleýärin. Biziň galamyzyň diwarlarynyň nähili beýik we galyňdyklaryny özüň bilýärsiň. Hiç bir goşun geçip bilmez!
— Sen magtanýarsyň, emma muňa seretmezden, gözleriňde gorky görýärin. — Rahaw onuň gazaply bakyşyndan gorkmady. — Deňizleri bölmeklige ygtyýary bolan Hudaý üçin bu diwarlar böwet bolup bilermi? Bu gürrüňleri biziň barymyz eşitdik. Hudaý Müsüri on jeza bilen jezalandyrdy. Musa agzy bilen öz halkyna gürledi we halk gulçulykdan azat boldy. Hudaý Duzly deňzi ikä döldi we ysraýyllylar gury ýer boýunça ýöräp geçdiler. Siz şeýle gudrat barada eşitdiňizmi? Hakyky we
— Emma bu
Olaryň baryny Rahaw silkelemek isledi.
— Bu ýer bagallara degişlidir öýdüp, biz şu wagta çenli olara çokunyp geldik. Emma bu ýer Şol Hudaýa degişlidir we Ol muny yzyna aljakdyr, — diýip, Rahaw güldi. — Özümiziň ellerimiz bilen ýasan butlarymyza gurbanlyklar getirenimiz bilen gutularys öýdýärsiňizmi? Tebigatyň üstünden olaryň ygtyýarlary barmyka? — diýip, Rahaw butlara bolan ýigrenç bilen güldi. — Olar bary-ýogy daş ýa-da agaç şekilleridiler, — Rahaw elleri bilen ýeri ýumruklady. — Indi bolsa hakyky Hojaýyn Özüni görkezer. Bu ýer ysraýyllylaryň Hudaýyna degişlidir. Hurma agaçlary, dagdan agaçlary we üzümçilikler şol Hudaýa degişlidir; bal edýän bal arylary-da Onuňkydyr; Müsüri gyran çekirtgeler-de Onuňkydyr! Hemme zat Oňa degişlidir we Ol bu ýeri, ondaky bar zatlary Özüniň saýlanyna berip bilýändir.
Birsalym bütinleý ümsümlik höküm sürdi. Kakasy Rahawa seretdi. Ol kakasynyň sandyraýandygyny gördi.
— Şu täzeligi aýtmak üçin sen bizi çagyrdyňmy?
— Hawa, indi bolsa biz bütin maşgalamyzy ýygnap, baýramçylyk etmelidiris, — diýip, Ýogap gaharly gülümjiräp aýtdy. — Biz çakyra zäher goşarys-da, ysraýyllylaryň gyljyndan ýa-da naýzasyndan agyr ölüm bilen ölmekden gaçarys.
— Batyrgaý sözler, — diýip, Müsür ýigrenç bilen aýtdy.
— Biz diri galarys, — diýip, Rahaw aýtdy.
Müsür özüniň çakyrly käsesini galdyrdy.
— Nädip? Ysraýyllylar hiç kimi-de diri galdyrýan däldirler.
— Men içalylaryň gaçmaklaryna kömek etdim we bütin goşunyň şähere hüjüm edeninde, olar bize rehim etmeklerini wada berdiler!
— Sen-de olara ynandyňmy? — diýip, Müsür sorady. — Olaryň ähli janlyny gyrýandyklaryny hemmeler bilýändirler.
— Olar muňa ant içdiler.
— Ant ony berýän adamdan oňat däldir!
Rahaw kellesini silkdi.
— Doganjygym, adamlar barada men senden kän bilýändirin. Men ýaşlygymdan erkekler bilen iş salyşýandyryn.
— Şeýdibem sen bizi masgaraladyň.
Kakasy ýeri ýumruklady.
— Müsür, doganyňa gulak as! Ol senden uludyr we bu dünýä biziň barymyzdan ol gowy düşünýändir.
Müsür ýüzüni çytdy-da, kellesini aşak sallady.
— Olar daşary ýurtly adamlar ahyryn! — diýip, kakasy ýüzlendi. — Näme üçin sen olara ynandyň?
— Olaryň Hudaýyň adyndan ant içmeklerini soradym we olar ant içdiler. Haýsy bir adam Hudaýyň öňünde içen antyndan ýüz dönderer? Eger olar öz sözlerinde durmasalar, onda öz Hudaýynyň öňünde jogap bermeli bolarlar.
— Mundan bize ýeňil bolmaz, — diýip, henizem nägilelik bilen Ýogap aýtdy. — Biz bireýýäm öli bolarys.
Rahaw aşak egildi-de, elini doganynyň eliniň aýasyna goýdy.
— Nämä ynanjakdygyňy sen çözmelisiň. Sen bary-ýogy adam bolan Ýeriho patyşasyna ynanyp bilersiň. Ýa-da sen şalaryň Şasy bolan Ysraýyl Hudaýyna ynanyp bilersiň. Dogrusyny aýtsam, men içaly bolup gelen erkekleri tanamaýaryn we men olaryň Hudaýy hakda diňe gürrüňler eşitdim, emma men eşidenlerime ynanýaryn. Her gezek Ol Hudaý barada eşidenimde, meniň ynamym berkedi. Men muny aňsatlyk bilen düşündirip bilmeýärin, emma men Onuň Hudaýdygyny, hakyky Hudaýdygyny bilýärin. Men bu Hudaýa ynanyp, Oňa bil baglamaklygy çözdüm, — diýip, Rahaw başyny dik tutup, erkeklere seretdi. — Siziň özüňiz saýlamalysyňyz: ýaşaýyş ýa-da ölüm.
— Biz ýaşaýşy saýlaýandyrys, — diýip, kakasy hemmeler üçin jogap berdi.
— Biziň diňe bir umydymyz bardyr, — diýip, Rahaw aýtdy, — bu-da — Ysraýylyň Hudaýyna bolan umytdyr, — diýeninde, Rahawyň ýüregi şatlykdan doldy. — Biz uzak wagt üçin azyk ýygnamalydyrys. Ysraýyllylar bizi halas etmekleri üçin gelenlerinde, biz olary boş elimiz bilen garşy almaly däldiris. Kaka, bazarda kän satma. Meniň öýüme däne, kişmiş we hurma getir. Gabaw döwründe bizde iýmit we geljek üçin bolsa, sowgat bolary ýaly men olary saklaryn.
Şeýle diýip, Rahaw otagyň uzakdaky burçuny görkezdi.
— Suw üçin men uly küýzeler satyn aldym we olary doldurmak üçin günde çeşmä gatnaýan. Goý, hemmelere ýeterli bolar ýaly gyz jigilerim suw meşiklerini getirsinler.
Rahaw ýerinden turdy-da, penjirä golaý baryp, çöle seretdi.
— Biz taýýarlanmalydyrys. Zatlaryňyzy ýygnaň we islendik wagt ýanlaryňyz bilen alyp bileriňiz ýaly edip goýuň. Oýa boluň we ýaraglaryňyzy taýyn edip goýuň. Ysraýyllylaryň derýadan geçen dessine aýallaryňyzy we çagalaryňyzy alyň-da, meniň öýüme geliň. Wagtyňyzy ýitirmäň. Biz şäheriň ýaşaýjylaryndan aýrylmalydyrys, çünki olara ölüm möhüri basylandyr. Öýümde bolanlaryň diri galjakdyklaryny Hudaýyň halkyndan bolan ikisi maňa wada berdiler. Öýümden daşarda bolan bolsa ölerler.
Kakasy ýene-de ýeri ýumruklady.
Bu diwarda, gör, näçe penjire bardyr! Seniň öýüňi ysraýyllylar nädip beýlekilerden tapawutlandyrarlar?
— Olar bizi şu bellik arkaly bilerler we ölüm bize degmän geçer.
— Rahaw, biz ýigrimi kişidiris. Sen biziň hemmämiz üçin ýer we iýmit tapyp bilersiňmi?
— Eý Müsür, sen kän zadyň aladasyny edýäň. Sen özüňiň nirede ýatyp, näme iýjekdigiň aladasyny edýäň. Ýöne diňe bir zat wajypdyr. Ysraýyllylaryň bize beren görkezmelerini ýerine ýetirmelidiris! Eger ýaşamak isleýän bolsaň, onda amanatlaryňy ýygna-da, meniň öýüme gel, — diýip, Rahaw ýylgyrdy. — Galagoplukda ýanyň bilen Beýsmaty we çagalaryňy getirmegi ýadyňdan çykaraýma!
* * *
Üç gün geçenden soň, Salmon bilen Epraýym daglary taşladylar we Iordandan geçdiler. Amor geýimlerini aýryp, özleriniňkini geýindiler we Şittime çenli galan ýoly ylgap geçdiler. Şittimde olar Ýeşuga bilen Kalebi tapdylar.
— Hudaý bu ýeri bize hiç bir şübhesiz berýändir, — diýip, Epraýym zordan demini alyp aýtdy, — çünki şäheriň ähli ýaşaýjylary bizden gaty gorkýarlar!
— Köşeşiň we dynjyňyzy alyň. — Olaryň oda ýakynrak oturmaklaryny teklip edip, Ýeşuga olara başyny yrady. Özüne aýdylanlaryň hiç zady üýtgetmeýän ýaly Ýeşuga öňküsi ýaly rahatdy.
Salmon gaty tolgunandy, ol bütin düşelge boýunça ylgap, bilenleriniň baryny söweşe taýýarlanyp duranlara gygyrmaga taýyndy.
— Ýurt biziňkidir, onuň baýlyklary bolsa ähli umytlardan-da artykdyr! Hudaý wadasynda durdy. Hudaýyň gudratynyň öňünde kenganlylaryň ýürekleri gorkudan doludyr.
— Ýeriholy jelep aýal bize muny gürrüň berdi, — diýip, Epraýym zordan demini alyp gygyrýardy.
Hut Hudaýa bolan berk ynam Ýeşuga bilen Kalebi saýlanan halkyň içinden tapawutlandyrýar diýip, Salmon hemişe hasaplaýardy. Emma Rahawyň jemgyýetinde bolan bir agşamy onuň şuňa düşünmekligine ýeterli boldy: Hudaý Özi tarapyndan saýlanan her bir adamyň ýüreginde Öz adyny möhürledi, hatda kenganly jelep aýal bilen hem şeýledir! Iordanyň aňyrsyndaky garaňkylykdaky özge milletleriň şäherinde biabraý bir aýal ýaşaýardy we ol hiç haçan-da Hudaýyň täsinliklerini görmedi, mannadan dadyp görmedi, Hudaýyň kanunyndan ýekeje-de söz eşitmedi. Muňa seretmezden, onuň ynamy şeýle bir güýçlüdi welin, hatda ol özüniň şäherini we halkyny gyrmaga gelenleri garşy alyp, olary gorady. «Siziň Hudaýyňyz — ýokardaky göklerde we aşakdaky ýerde iň beýik Hudaýdyr», — diýip, Rahaw aýdypdy.
— Ol aýalyň ady Rahawdyr, — diýip, Salmon hormatly esgerlere aýtdy. — Ol şäher diwarlaryndaky penjiresinden bizi çagyrdy, onsoň derwezeleriň alnynda garşy alyp, öz öýüne getirdi. Esgerler gelip ýetişmänkä, ol bizi üçekde gizledi. Esgerlere bolsa, biziň bireýýäm şäherden gidendigimizi aýtdy.
Epraýym hem Rahawyň goragynda durdy.
— Esgerler onuň ýalan sözlerine ynanyp, ýeliň yzyndan kowdular.
— Ol aýal bizi myhmansöýerlik bilen kabul etdi, bizi ugradanda bolsa, daglarda üç günüň dowamynda gizlenmegimizi maslahat berdi. Diňe şondan soň habarymyzy ýetirmeklik üçin yzymyza gidip bilýändigimizi aýtdy. Bu ýeri Hudaýyň bize berendigini ol aýal aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Siziň Hudaýyňyz — ýokardaky göklerde we aşakdaky ýerde iň beýik Hudaýdyr» diýdi. Onsoň ol özüni we maşgalasyny biziň halas etmegimize Hudaýyň öňünde ant içdirdi.
Ýeşuganyň gözleri biraz kiçeldi.
— Sizem ant içdiňizmi?
Salmon özüniň maňlaýynyň derländigini duýdy. Belki-de, ol gulak asmazlyk edip, Hudaýyň kanunyny bozandyr?
— Hawa jenabym, bizem ant içdik, — diýip, Salmon zordan demini aldy. — Eger biz nädogry eden bolsak, onda Hudaýyň ol aýaly jezalandyrman, menden soramagyny haýyş edýän. Ol aýalyň öýünde bolanlaryň hemmesiniň rehim ediljekdigini biz Hudaýymyz Taňrynyň öňünde wada berdik.
— Goý, şeýle-de bolsun, — diýip, Ýeşuga jogap berdi.
Salmon ýeňillik bilen demini aldy.
— Onuň öýüni beýlekileriň arasyndan nädip tanarys? — diýip, Kalep sorady.
Salmon taýýarlyk bilen oňa jogap berdi:
— Biz onuň öýüni görkezýän alamat barada gürleşdik. Biziň gaçmaklygymyza kömek edip, ol bizi gyzyl ýüp bilen aşak düşürdi. Şol ýüpi penjiresine daňyp goýmaklygy barada biz Rahaw bilen şertleşdik. Ony görmek aňsat bolar.
Ýeşuga ýerinden turdy.
— Hudaý Özüne degişli bolanlary saklar.
— Hudaýyň ady mübärek bolsun, — diýip, Salmon ýeňillik bilen jogap berdi.
Kalep şahany oda taşlady we ýüzlerçe uçgynlar ýokary göterildi. Ellerini birleşdirip, ol üns bilen oda seredýärdi. Ýeşuga özüniň köne dostuna seretdi-de, oduň daşyndan aýlanyp, Salmonyň ýanyna bardy we elini onuň egnine goýdy.
— Sen Epraýym bilen şol aýal we onuň maşgalasy barada aladalanmaly bolarsyň. Hudaý meniň bilen daňdan gürleşdi we men Onuň tabşyryklaryny tireleriň ýolbaşçylaryna ýetirdim. Siz olary häzir eşidersiňiz. Biz üç günden soň Iordandan geçeris. Taýýarlanyň.
Epraýym daşlaşyp barýan Ýeşuganyň yzyndan seredip galdy.
— Biziň eden işimiziň hiç hili peýdasy bolmady. Hatda biziň maglumatlarymyzy diňlemän, ol bireýýäm näme etmelidigini çözdi.
Kalep şahany döwdi.
— Hudaýyň ýollaryny ýa-da Onuň Öz halkynyň üstünden goýan hyzmatkärleriniň hereketlerini hiç haçan şübhe astynda goýma! — diýip, ol ilki Epraýyma, soňra bolsa, Salmona seretdi. — Ýeşuga bary-ýogy Hudaýyň elindäki guralydyr.
Salmon Epraýymyň gaýgysyny paýlaşmady. Özlerine tabşyrylan ýumşyň olara şöhrat getirmändigine Salmon öýkelemedi. Özlerine ynamly bolup, Ýeşuganyň Ýeriho şäherine ikisini goýberendigine Salmon begenýärdi. Özleriniň gelip ýetişmänkä, Hudaýyň oňa ýüzlenendiginiň hem Salmon üçin hiç hili manysy ýokdy. Hudaý olaryň maglumatlaryna mätäçdimi? Olar Ýeriho şäherine başga maksat bilen iberilene meňzeýärdiler we bu maksady Hudaýyň Özünden başga hiç kim bilmeýärdi: belki-de, Hudaý olaryň Rahawy tapyp, onuň üçin halas bolmaklyk ýoluny açmaklary üçin iberendir.
Kalep olaryň ikisine-de seretdi.
— Şol aýal üçin jogapkärçiligi kim öz üstüne aljak?
— Men, — diýip, Salmon bada-bat jogap berdi.
Kalebiň gözleri garaldy.
— Asyrlar boýy pataly bol, meniň doganym, — diýip, Epraýym Salmona ýüzlendi. — Jelep aýalyň jemgyýetinde bolanymy Kalebe düşündirmeli bolsam, bu meniň üçin gaty kyn bolardy! — diýip, ol Salmonyň egnine kakdy.
— Epraýym, doganlaryň saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryna men berk ynamlydyryn, — diýip, Kalep gazap bilen aýtdy.
Ýigidiň şadyýanlygy ýitirim boldy.
— Hawa, jenabym.
Ol duýgudaşlyk bilen Salmona seretdi-de, garyndaşlarynyň ýanyna ylgady.
Kalebiň öz pikirini aýdanyna çenli Salmon garaşyp durdy. Musanyň ölüminden soň Salmonyň uly hormat goýýan Ýeşuga ýaly başga adamysy ýokdy. Ýeşuga Ýahyda tiresiniň ýaşulusydy. Kalep Müsüriň gulçulygyndan çykanlaryň arasyndan Hudaýa wepaly diýlip atlandyrylanlaryň ikileriniň biridi.
Goja kellesini galdyrdy-da, synaýan ýaly edip ýigide seretdi.
— Ol aýal özge milletdendir. Beýleki halklardan bolan aýallar baradaky duýduryşlary sen bilýänsiň.
— Ol biziň birimiz bolmaklyk isleýär, — Salmon Kalebiň ruhlandyrmagyna mätäçdi. Ol kän pikirlendi we özüniň Rahawa bolan duýgulary hakda dogrusyny aýdyp, Kalepden maslahat soramaklygy çözdi. — Men ol aýaly çadyryma eltmek isleýän.
— Oglum, her zadyň öz wagty bardyr, şeýle çözgütler bilen howlukmagyň geregi ýokdur.
Salmon onuň garaýşy bilen duşuşdy.
— Muny şu wagt maslahatlaşmak gowudyr oýlaýan.
— Ol aýal gaty owadan bolmagy ahmal, — diýip, Kalep jogapdan gaçjak bolup aýtdy.
Salmon öz ýüzünde gyzyl reňkiň peýda bolýandygyny duýdy. Goja bolsa güldi.
— Sen edil kiçi oglan ýaly gyzardyň.
Gazap Salmony batyrgaýlyk bilen gürlemäge mejbur etdi.
— Men ýigrimi alty ýaşymda, şonda-da şu wagta çenli aýallyga alar ýaly aýala duşmadym.
Kalep kellesini ýaýkady. Onuň sözlerinde gahar we öýke eşidildi.
— Ine, hemişe şeýle-de bolýandyr, Salmon. Hemişe özge milletleriň butparaz aýallary biziň erkekleri Hudaýdan daşlaşdyrýarlar.
— Rahaw butparaz däldir!
— Ol kenganly.
— Ol aýalda meniň kakam bilen ejemden hem artyk ynam bardyr. Emma, gel, öňünçä ähli näsazlyklara serediliň. Ol menden uly we jelepçilik bilen çöregini gazanýandyr!
Kalebiň gözleri ulaldy.
— Sen şeýle aýaly aýallyga saýlamaklygy çözdüňmi?
— Rahaw — seýrek duş gelýän aýaldyr.
— Seýrek duş gelýän?
— Ol öz ynamyny işi bilen subut etdi.
Kalep taýak bilen oduň közlerini çokalaşdyrdy.
— Belki-de, ol öz hamyny halas etjek bolup, öz halkyny satan başarjaň aldawçydyr.
— Onuň halky kim?
Salmonyň sözlerine gulak asasy gelmeýän ýaly edip, Kalep ellerini bulaýlady, emma Salmon çözgütlilik bilen Rahawyň goragynda durdy.
— Biz Hudaýyň erkini ýerine ýetirmelidiris. Birwagtlar siz Ýeşuga bilen ikiňiz meni şuňa öwredipdiňiz. Hut şuny-da men isleýän:
Kalep haýallyk bilen demini aldy-da, maňlaýyny süpürdi.
— Ýeşuga bireýýäm tabşyryk berdi ahyryn. Sen bu aýalyň we onuň bilen bile bolanlaryň howpsuzlygy üçin alada edersiň. Eger sen isleseň, onda seniň basyp alyjy hakyňa görä ol aýal saňa degişli bolar.
Salmonyň ýüregi çalt urýardy. Kalebiň sözleriniň sowukdygyna seretmezden, ol özüni edil gymmatbaha sowgada eýe bolan ýaly duýýardy.
Kalep ellerini aşak sallady-da, çynlakaý Salmona seretdi.
— Sen bu aýaly we onuň garyndaşlaryny düşelgeden daşda galdyrarsyň. Belki-de, ol öz ýolyna gitmek islär we özi bilen maşgalasyny-da äkider.
— Ol biziň birimiz bolmaklyk islär.
— Näme üçin sen beýle ynamlysyň?
Salmon başyny sallady-da, pikirlernip, birsalymdan soň jogap berdi.
— Men onuň gözlerini gördüm. Men onuň sesini eşitdim, — Salmon özi ýaly Kalebiň hem Rahawa ynanmagyny isledi. — Hudaý bizi azat edende, biz gul dälmidik? Şu aýaly tapmaklygymyz üçin men bilen Epraýymy Hudaýyň Ýeriho şäherine iberendigine ynanýaryn. Biziň maglumatlar bilen gelmezimizden ozal Hudaýyň Ýeşuga bilen gürleşendigini göz öňünde tutmasak, onda meniň pikirimçe bu bolup biljek ýeke-täk düşündirişdir. Hudaýyň bizi Müsürlileriň elinden halas edişi ýaly, bu aýaly hem Ol kenganlylaryň ýamanlyklaryndan halas etjekdir.
— Salmon, Hudaýyň sözlerine özüňden goşmazyň ýaly seresap bol. Sen öz ýüregiňiň islegini däl-de, Hudaýyň erkini ýerine ýetirmelisiň. Meniň döwrümiň adamlary öz ýollary bilen gitmekligi çözüpdiler we olaryň bary çölde ýogaldylar.
— Men hemişe Hudaýyň erki barada ýatlaýan. Çagalygymdan sen meni hakykata öwretdiň we beren sapaklaryňy iş ýüzünde tassykladyň. Bir zat maňa hemişe aýandy. Biziň gazanandygymyz ýa-da mynasyp bolandygymyz üçin Hudaý bize azatlygy bermedi. Hudaý bizi
Salmon aýdanlary barada oýlanyp, birsalym sesini çykarman durdy. Ahyrynda, ol soňky üç günüň içinde ýüregine rahatlyk bermedik soragyny berdi.
— Hudaý meniň ýüregimiň islegini bu aýal baradaky Öz oňat niýetleri bilen birleşdiren bolmagy mümkin bolup bilmezmi?
Kalep onuň sözleri hakynda oýlandy.
— Salmon, sen ol aýalyň ýürek isleglerini diňe çaklap bilersiň.
— Hudaýyň öňünde pataly bolmaklyk — akyldarlygyň alamatydyr. Eger Hudaý Öz adyny onuň ýüreginde möhürlän bolmasa, onda Rahaw «Siziň Hudaýyňyz — ýokardaky göklerde we aşakdaky ýerde iň beýik Hudaýdyr», — diýip aýdyp bilerdimi?
— Eger sen menden ýönekeý çözgüde garaşýan bolsaň, onda bilgin, mende ol ýokdur. Biziň ikimiz-de doga edip, Hudaýyň erkini bilmäge çalyşmalydyrys.
Emma Salmon hiç-de rahatlanyp bilmedi.
— Eger men bilen Epraýymy gözlänini kimdir-biri biläýse, onda Rahaw biziň halas eder wagtymyza çenli diri galyp bilmez. Men yzyma dolanmalydyryn...
— Ol bu barada senden haýyş etdimi?
— Ýok, emma...
Kalebiň gözleri ulaldy.
— Onda maňa şeýle sorag bermäge rugsat ber: Salmon,
Salmon ýene-de bir zatlar diýmäge başlady, emma Kalebiň gözlerine seredende, sesini bes etdirdi. Ol bireýýäm ýeterlik gürledi. Gojanyň ýüzüni garradan ýygyrtlar ençeme kynçylyk ýyllary arkaly gazanylan akyldarlyk barada şaýatlyk edýärdiler. Salmonyň ata-enesi bilen bilelikdäki ähli adamlaryň günäleri Kalebiň şeýle ýürek agyrylarynyň sebäpleri bolupdy, olary Salmon hatda göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Öz nesillerinden diňe ikisiniň wada berlen ýere girjekdiklerini Hudaýyň Kalep bilen Ýeşuga wada bereninden, bireýýäm kyrk ýyla golaý wagt geçipdi. Öz nesillerinden diňe ikisi. Munuň sebäbi — beýlekileriň Hudaýyň güýjüne ynanmaklykdan ýüz döndermeklerindedi.
— Ony Hudaýyň gorajakdygyna men ynanýaryn, — diýip, Salmon başyny aşak sallap aýtdy. — Meniň ynamsyzlygymy Hudaý geçiräýsin.
— Birwagtlar menem ýaş we gyzgyn ýigitdim, — diýip, eýýäm ýuwaşlyk bilen Kalep aýtdy. — Sen sabyrlylyga öwrenmelisiň. Hudaý biziň kömegimize mätäç däldir.
Salmon başyny galdyryp, ýylgyrdy.
— Sen Rahawy göreniňde, onda meniň näme tapandygyma düşünersiň.
—
— Salmon hem onuň bilen bile turdy, emma oduň başyndan aýrylmady. Ol özüniň Rahawy aýallyga almaklyk çözgüdine Kalebiň pata bermekligini isleýärdi.
— Diýmek, eger men Rahawy çadyryma girizsem, sen garşy dälsiň-ä?
Kalep gaýgy bilen oňa seretdi.
— Aýalyň
— Ol bireýýäm karar kabul etdi.
— Şeýlemi? Eger Hudaý Rahawy Ýerihodan halas etse, onda Ol öz durmuşy babatda karar kabul etmek hukugyny Rahawyň özüne berer, — diýende, Kalebiň dodaklarynda ýeňilje gülki peýda boldy. — Seniň aýdyşyň ýaly Rahaw dogrudanam şeýle akylly bolsa, onda ol uly ýaşly erkegi saýlar.
Salmon güldi we biraz köşeşdi. Belki Kalep ony ýöne synaýandyr?
— Meniň basyp alyjy hakyma görä, Rahaw maňa degişli diýip sen aýdypdyň.
Kalep hem onuň bilen bile güldi.
— O-da dogry, emma şunuň ýaly edermen aýalyň hökman özüniň pikiri hem bolar, — diýip, ol elini Salmonyň egnine goýdy-da, ýene-de çynlakaý sözledi. — Söweş gutarandan soň, Ýeşuga Rahawyň ykbalyny çözer. Ol synaga salnar, — diýip, Kalep ýigidiň egninden elini aýyrdy. — Eger ol hakykatdan-da seniň aýdyşyň ýaly bolsa, onda seniň aladalanmagyň geregi ýokdur.
Emma Salmon kanagatlanmady. Ol göni jogap almak isledi, munuň deregine bolsa, ol garaşmaly bolar.
Rahaw özüniň dogrudanam Salmonyň Kalebe beýan eden aýalydygyny subut edip bilermikä? Eger beýle bolmasa, onda Rahawyň ysraýyllylara hiç hili ejir çekdirmejekdigini Salmon birkemsiz subut etmeli bolar.
Dördünji bap
Rahaw Müsüriň getiren uly toýun küýzesine däne saldy. Ýene iki sebet we küýze doly bolar. Beýleki üç sany ullakan küýzede suw bardy. Iki sebet hurmadan, ýene ikisi bolsa, kişmişden doludy. Soňky günleriň içinde ejesi, gyz doganlary we gelnejeleri nohutdyr tüwi, sogandyr sarymsak getirdiler. Öý bazaryň haryt satylýan bir burçuna meňzeýärdi. Emma gabaw bir hepdeden-de uzaga çekäýse, onda bu harytlar ýeterlik bolarmyka? Rahaw ýygnalan harytlary ýene-de bir gezek gözden geçirdi-de, ysraýyllylar şähere girip, halas etmäge ýetişýänçäler, ýetjek, ýetmejek harytlar barada pikirlendi. Wagt gaty azdy we gün-günden Rahawyň tolgunmasy artýardy.
Berkitmeler gurmaklyk işlerinden soň Ýogap bilen Müsür her gün agşam Rahawyň öýüne gelerdiler. Uýasy nahar goýýança, olar özleriniň eşidenleriniň baryny gürrüň bererdiler. Rahawyň ýygnaýan her bir ummasyzjyk habarlary-da soňabaka gerek bolup biler. Emma kakasy bilen doganlarynyň patyşa bil baglaman, Ysraýylyň Hudaýyna bolan ynamlaryny berk etmeklik iň wajybydy.
— Şäheriň eýelenmeginiň mümkin däldigine patyşa berk ynamlydyr, — diýip, agşamlaryň birinde Müsür aýtdy. — Biziňki ýaly gala ysraýyllylar şu wagta çenli duş gelen däldirler.
Ýogap bir döwüm çörek aldy-da, Rahawyň taýýarlan çorbasyna batyrdy.
— Olar hatda diwarlara ýetibem bilmezler. Patyşa müňlerçe oklary taýýarlady. Gala ýakynlaşan her kesi öldürmäge taýyn bolup, müňlerçe ýaýçylar berkitmelerde durarlar.
— Dogan, öz-özüňi aldama, — Rahaw oňa çakyr guýup berdi. — Öz janyňy ol adama ynanma. Ony meniň gaty gowy bilýändigimi ýadyňdan çykarma. Galyberse-de, ysraýyllylar bize garşy çykanlarynda, onuň bütin goşuny ähli ýaraglary bilen hem hiç zat edip bilmez. Olar bilen Hudaý gelýändir. Sen meniň diýşim ýaly etmelisiň. Ysraýyllylaryň Iordanyň günbatar kenaryna gelenlerini bileniňde, baryny taşla-da, şu ýere ylga.
— Ýöne olar nädip günbatar kenara gelip bilerlerkä?
— Men bilýän däldirin! — diýip, Rahaw küýzäni goýdy-da, ellerini bilinde goýdy. — Belki-de, olar gämiler gurarlar. Belki-de, ýüzüp geçerler. Belki-de, ýöräp geçerler!
Müsür güldi.
— Belki-de, olary bürgütler geçirerler. Ýa-da ondan-da oňady, belki-de, olarda ganatlar peýda bolup, uçup geçerler!
— Näme üçin gülýäň? — diýip, Rahaw onuň ýeňsesine şarpyklady. — Eger Hudaý Duzly deňzi ikä bölen bolsa, onda bu derýa Ony saklar öýdýäňmi? Ol bu derýany Öz demi bilen guradyp biler! Ysraýyllylaryň düşelgesinden başga ýeke-täk howpsyz ýer — bu seniň şu wagt oturan öýüňdir.
Ol küýzäni aldy-da, doganlaryna umytsyzlyk bilen seretdi. Näme üçin olar Ýerihonyň we onuň halkynyň ýagdaýyny Rahawyň özi ýaly aýdyň görmeýärler?
— Bu ýere Hudaý gelýändir! Onuň gelmekligine siziň hem taýyn bolmaklygyňyz gowudyr!
Rahaw kürsüni bir çete çekdi-de, ýerinden turdy. Ol otagdaky uly küýzelere, burçda üýşürilen birnäçe boýralara we ýorganlara syn etdi.
— Bize ýene näme gerek bolarka?
Bedeniniň tikenekleýändigini bildirmejek bolup, ol ellerini berk gysdy.
— Sabyrlylyk.
Hatda ysraýyllylar şu pursat derýadan geçýän bolsalar-da, Rahaw bireýýäm taýyn.
* * *
Heniz ysraýyllylaryň düşelgesi Şittimdekä, asmandan manna ýagmagy dowam etdirýärdi, emma her gün daňdan ol azalyp barýardy. Indiler bolsa, günüň dogmaklygy bilen mannanyň ýukajyk gaty peýda bolýardy.
Şu gün üçin öz iýmitlerini ýygnan müňlerçe erkekler, aýallar we çagalar bilen Salmon hem dyzyna galdy. Ol mannadan çörek ýasady-da, ony ata-enesiniň Müsürden alyp çykan peçine goýdy. Indi ol öz ata-enesi barada kän oýlanýardy. Olaryň ýalňyşlyklaryny gaýtalamazlyk barada dileg edýärdi; ynamynyň berk bolmaklygy we duşman bilen geljekki söweşde ruhdan düşmezlik barada dileg edýärdi. Ol ýöne bir erkek däldi, Hudaýyň adamy bolmaklygy isleýärdi.
Zeýtun ýagynda bişip duran çöregiň süýji ysynynda dem alyp, ol ujy ýiteldilen taýajygy aldy-da, seresaplylyk bilen çöregi beýleki tarapyna öwürdi. Onuň aşgazany aç galandygy zerarly gysýardy. Çörek bişende bolsa, ol amatlyja oturdy-da, onuň tagamyndan lezzet almak üçin haýallyk bilen iýip başlady. Tizara manna ýiter, adamlar indi oňa mätäç bolmazlar, çünki olar Kengana — süýt bilen balyň mekanyna girerler ahyryn. Ol ýerde süýt berýän sygyrlaryň we goýunlaryň uly sürüleri, sansyz-sajaksyz miweli baglar we üzümçilikler, şeýle-de bugdaýyň we bakja ekinleriniň giden meýdanlyklary bardy. Beýle iýmitler barada Salmonyň döwürdeşleri diňe gürrüňlerden bilýärdiler. Özleriniň ekmedik baglaryna we üzümçiliklerine eýe boljakdyklaryny, beýleki halklaryň ýetişdiren gallalaryny ýygnajakdyklaryny we özlerinden gaçyp barýan Hudaýyň duşmanlaryndan galan sürüleri bakjakdyklaryny Hudaý olara wada beripdi. Ýöne muňa seretmezden, Salmon gaýgydan doludy.
Ol mannadan başga zadyň tagamyny bilmeýärdi. Epraýym bilen Kengandaky çeşmäniň boýunda dynç alanlarynda ol ilkinji gezek başga iýminden dadypdy. Şol gün olar çeşmeden tutan balyklaryny bişirip iýipdiler. Iýmitiň has-da tagamly bolandygyna seretmezden, ol Hudaýyň şu wagta çenli beren, indi bolsa, tizara mundan beýläk gaýdyp bermejek iýmiti bilen deňeşdirer ýaly däldi.
Salmon tolgunma bilen asman çöregini tutup durdy. Ol bütin ömür muny adaty zat hökmünde kabul edipdi, indi bolsa ol bu çöregiň nähili gymmatbahadygyna düşündi. Salmon bu çöregi gözleriniň gözýaşlary bilen iýdi, çünki ol bu çöregi hut Hudaýyň Öz elinden alandygyna düşünýärdi. Başga ýene bir zat şunuň ýaly süýji bolup bilermidi ahyryn? Başga ýene bir zat şunuň ýaly ýokumly bolup bilermidi ahyryn?
Tizara halk çölde beýewan bolmaklykdan dynar we wada berlen ýere Hudaýyň güýçli we wepaly halky girer. Ulalan çagalaryň enenäň süýdünden aýrylyşlary ýaly ysraýyllylar mannadan mahrum bolarlar. Beýlekiler bilen bilelikde olar ýeri bejerip, tohum ekerler, sürüleri bakyp, galla ýygnarlar. Olar çaga dograrlar, jaýlar we şäherler gurarlar.
— Eý Hudaý, biziň ynamymyzy sakla! — diýip, Salmon dileg etdi. — Ýene-de biziň iňňildeýän çagalar kimin bolmaklygymyza ýol berme! Bize berýän ýeňişleriň zerarly tekepbir bolmaklygymyza ýol berme! Atalarymyzyň günäleri hemişe biziň alnymyzdadyr. Seniň öňüňde ilki ýaradanlaryň bolan Adam ata bilen How ene ýaly arassa bolup bilmekligimiz üçin ol günäleri hemişelik bizden aýryp bolsady!
Halky ýygnanyşmaga çagyryp, şofaryň[4] sesi eşidildi.
Özleri üçin Hudaýyň taýýarlan sowgadyny almaly pursat gelip ýetdi.
* * *
Gözegçiler Ýeşuganyň buýrugyny jar edip, bütin düşelge boýunça aýlanyp çykdylar.
— Hudaýymyz Taňrynyň äht sandygyny ruhany lewileriň göterip barýandyklaryny göreniňizde, olaryň yzlaryna eýeriň. Bu ýol bilen öň ýöremedigiňiz zerarly, olar size ýol görkezerler. Sandyk bilen siziň araňyz bir kilometre golaý bolmalydyr we ol hemişe şeýle bolmalydyr. Ondan ýakyn barmaň.
Salmon çaltlyk bilen çadyryny ýygnady we ony egnine atdy-da, ýerinden turup, Ýahudanyň beýleki müňlerçe nesilleri bilen bilelikde garaşyp durdy. Ol özüniň güýçden dolandygyny we derýa tarap çaltlyk bilen ylgamaklyk küýsegini duýdy, emma badyny saklap, ýerinde durmagyny dowam etdirýärdi.
Äht sandygyny onuň öňünden ýöräp geçirdiler we ol kalbynda şadyýanlygyň titremisini duýdy. Ruhanylar äht sandygyny derýa tarap äkitdiler. Görkezilen aralygy saklap, Ysraýylyň ähli tireleri onuň yzy bilen ýörediler. Öňe, ýeňişe tarap barýan müňlerçe adamlaryň hereketlerinden dolan ýer direldi.
Olar Iordanyň boýunda düşelge gurdular we Ýeşuga halka ýüzlendi:
— Arassalanyň, çünki ertir Hudaý siziň araňyzda Özüniň beýik mygjyzalaryny görkezer.
Erkekler aýallardan daşlaşdylar we eşiklerini ýuwuşdyrdylar. Salmon hem olaryň arasyndady. Ol irden biraz manna iýeninden soň hiç zat iýmän, oraza tutdy. Agşamy bolsa ol çadyrynda geçirip, ýekelikde dileg edip geçirdi.
Günüň dogan çagynda bolsa, ol beýleki ençeme Ysraýyl esgerleriniň arasynda durup, Ýeşuganyň Hudaýyň sözlerini aýan etmekligine garaşyp durdy. «Ysraýylyň ogullary, geliň we Hudaýyňyz Taňrynyň sözlerini diňläň!»
Salmon öňde — özüniň doganoglany bilen eginme-egin bolup burdy. Ýeşuga sesini şeýle bir gataltdy welin, hatda onuň sesi iň çetde guranlara-da ýetdi.
— Geliň we Hydaýyňyz Taňrynyň sözlerini diňläň. Araňyzda diri Hudaýyň bardygyny siz şu gün bilersiňiz. Ol kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary sizden kowar. Bu hakda oýlanyň! Bütin älemiň Hudaýynyň äht sandygy siziň gözüňiziň alnynda Iordandan geçer! Bütin älemiň Hökmürowany bolan Taňrynyň äht sandygyny göterip barýan ruhanylaryň aýaklary Iordanyň suwuna degeninde, onuň suwlary gurar, ýokarda akýan suw bolsa, diwar kimin bolar.
Ýeşuga sandygy göterip barýan ruhanylara seredip, olara üm bilen rugsat berdi we olar derýa tarap ugradylar.
Täsinligi görjek bolup, Salmon boýnuny uzatdy. Ýüregi doňdy. Ol Hudaýy nähili söýýän bolsa, şonuň ýaly-da Ondan gorkdy. Sandygy Salmonyň ýanyndan göterip geçenlerinde, ol şadyýanlykdan titredi. Ini tikenekläp gitdi. Halkyň öňünde ýol görkezip gidýän bulut sütüni Salmon üçin ýaşlykdan tanyşdy. Ol gijelerine ot sütünini-de görüpdi. Emma ol Müsürden çykylandan soň doglupdy we ol ýerde bolan mugjyzalary, soňra Duzly deňziň suwunyň ikä bölünüp, ysraýyllylaryň bolsa, gury ýer boýunça geçenlerini-de görmändi. Ol Iordanyň batly akymyndan nädip Hudaýyň Öz halkyny geçirjekdigine garaşyp, gaty tolgunýardy.
Sandyk bireýýäm halkyň öňünden göterilip barylýardy we halkdan uzaklaşypdy. Bu adamlaryň goragyna Hudaýyň mätäç däldiginiň alamatydymyka? Eger halka rugsat berlen bolsady, onda halk öňe äkidilýän sandygy çar tarapdan gabardy. Emma ol halkdan daşdady, onuň altyny bolsa, günde şöhle saçyp, halka ýol görkezýärdi. Derýanyň boýuna baranlarynda, adamlar gaty ümsüm boldular. Hemmeler seslerini çykarman, ýerlerinden gozganman, sandygyň yzy bilen ýöremeklik buýrugyna garaşýardylar.
Ruhanylar Iordanyň kenaryna ýetdiler. Oýlanyp durman, olar Iordana girdiler. Şol bada Salmonyň şu wagta çenli eşitmedik bir gaty sesi eşidildi. Suwuň yzyna çekilenini we buguň buludy ses bilen ýokary göterileninde, Salmonyň saçlary syh-syh boldy. Ruhanylar Hudaýyň äht sandygyny derýanyň ortasyna eltdiler-de, şol ýerde saklandylar. Altyn sandyk daňyň gününiň şöhlesinde ýalpyldaýardy.
Bütin halk onuň yzyna eýerdi.
Halk Iordandan geçende, Ýeşuga özüne Hudaýyň on iki adamy — her tireden birini saýlamagyny buýrandygyny aýtdy. Ýahuda tiresiniň baştutany hökmünde Kalep tireden bir wekil bolarlary ýaly, erkekleriň atlaryny tutdy. Ýedidiýa öňe çykdy. Oňa üns bermek aňsatdy: ol hemmelerden beýik we güýçlüdi. Erkekler onuň egnine kakyp, öňe goýberdiler. Ol Kalebiň öňünde durdy we Kalep ellerini onuň egnine goýdy-da, ýuwaşja gürleşip, yza çekildi. Ýedidiýa ylgap bardy-da, Ýeşuganyň öňünde duran beýleki tireleriň wekillerine goşuldy.
— Hudaýymyz Taňrynyň äht sandygynyň duran ýeri bolan Iordanyň ortasyna baryň, — diýip, Ýeşuga Ysraýylyň on iki tiresinden saýlananlara aýtdy. — Her biriňiz derýanyň aşagyndan, äht sandygynyň ýanyndan bir daş alyň we olary egniňizde göterip getiriň — olaryň sany Ysraýylyň tireleriniň sany kimin on iki bolmalydyr. Ol daşlardan biz ýadygärlik gurarys. Soňky döwürlerde çagalaryňyz sizden: «Bu daşlar näme aňladýar?» diýip soranlarynda, siz olara: «Olar Hudaýyň äht sandygynyň Iordandan geçende, derýanyň suwlarynyň ikä bölünendigi baradaky ýadygärlikdir» diýip, jogap berersiňiz. Şeýlelik bilen, bu daşlar Ysraýylyň ogullary üçin ebedilik ýadygärlik bolarlar.
Ýeşuga we on iki saýlananlar derýanyň kenaryna dolanyp geldiler.
* * *
Rahaw gykylyk seslerini eşitdi we penjirä tarap ylgady. Daşary seretdi-de, ol ýolda ylgap barýan esgerleri gördi.
«Olar gelýärler! Olar gelýärler!» Ysraýyllylar derýa tarap gelýärler! Kenara tarap ýakynlaşýan adamlaryň köplügi sebäpli derýanyň gündogar tarapynda tozan buludy durdy, emma Rahawyň ünsüni olaryň öňlerindäki bir zat özüne çekdi, ol ýalpyldap, günüň şöhlelerini serpikdirýärdi. Bu onuň eşiden äht sandygymyka?
Buguň iki sütüniniň derýa girýän kiçijik keşplerden aýrylylyp, asmana galýandygyna Rahaw agzyny açyp syn edýärdi. Özüni gaban duýgulardan ol bütinleý titreýärdi. Gorky. Şadyýanlyk. Hormat goýmaklyk. Rahaw şol bir wagtda hem aglaýardy, hem-de gülýärdi. Ýüregi dürküldäp urýardy. Ol aýnadan şeýle bir öňe uzalypdy welin, tas aşak gaçypdy. Täsinlik. Rahaw täsinlik görýärdi.
— Bu Hudaý neneň gudratly! — diýip, Rahaw seslendi.
Bug ýokary galyp, derýanyň üstünde buluda öwrüldi. Aljyraňňylyga düşen kenganlylar gygyrýardylar we gorkuzylan sürüler kimin galanyň diwarlaryna tarap ylgaýardylar. Goýun şahyndan edilen tüýdük sesi Rahawa ýa eşidilýärdi, ýa-da hakykatdan-da ol çalynýardy. Ysraýyl goşuny Iordandan geçýärdi. Müňlerçe we müňlerçe adamlar derýadan geçýärdiler. Olaryň sany edil asmandaky ýyldyzlaryň sany kimindi. Olar çaltlyk bilen, emma berk düzgün bilen ýöreýärdiler.
Rahaw kellesini öňe uzatdy-da, hurma tokaýlygyna tarap seretdi.
— Hany, kaka, çalt bol. Hany, sen nirede?
Daýhanlar we işçiler Ýeriho tarap ylgaýardylar. Özüniň sabyrsyzlygyny köşeşdirjek bolup Rahaw eli bilen penjiräni ýumruklady. Ahyrynda ol kakasyny gördi. Ejesi bolsa kakasynyň yzy bilen gelýärdi we ikisi-de doly haltalary zordan süýräp gelýärdiler.
— Zatlaryňyzy taşlaň! — diýip, Rahaw gygyrdy. — Ýeňilje ylgaň!
Gygyrmaklyk biderekdi. Olar ölüm howpy bilen gorkup, derwezelere tarap ylgaýanlaryň sesleri zerarly Rahawy eşidip bilmezler. Rahaw bolsa galagopluk bilen elini bulaýlaýardy. Kakasy ony gördi, emma hiç zadyny taşlamady. Ýadap, halys bolan ejesi ýüküni ýere gaçyrdy, emma ony taşlaman, yzy bilen süýreýärdi.
— Ylgaň! — diýip, Rahaw üm bilen düşündirýärdi. — Bärde size gerek bolan zatlaryň hemmesi bardyr!
Öz emläklerini saklajak bolup, olar zordan ýöreýärdiler. Umytsyzlykdan ýaňa Rahaw sögüp goýberdi. Halk derwezelerde gysylýardy. Kimdir-biri çirkin gygyrdy. Kimdir-biri bolsa, ýykylan bolmaklygy ahmal we indi ony depeleýärdiler. Hemmeler edil ýabany haýwanlaryň sürüsi ýaly gygyryşýardylar, güýçlüräk bolanlar ýumruklary bilen özlerine ýol açýardylar.
Kimdir-biri gapyny kakdy.
— Rahaw, — diýip, Müsür çagyrdy. — Bizi goýber!
Rahaw gapyny açyp, doganyny we onuň aýaly Beýsmaty kabul etdi. Olar öz ýanlary bilen iki çagalaryny-da getirdiler. Ýogap bilen aýaly Golan çagalaryna gygyryp, olary gyssap, köçede ylgap gelýärdiler. Ylgaýanlaryň barynyň ýüzleri agarandy, gorkudan gözlerinde elhenç bardy we her kim öz ýany bilen bir zatlar göterip ylgaýardy. Rahaw dogany bilen aýalynyň öz ýanlary bilen alyp gelen hazynalaryny görüp, başyny ýaýkady: küýze, sebet, ýüz-gözüňi boýamak üçin dürli reňkli çüýşejikler we her hili atyr yslardyr şaý-sepler üçin birnäçe guty bardy.
Beýsmat düşekde oturyp, emdirýänçä Müsüriň bäbegi aglaýardy. Üçekde aýak sesleri eşidilende, Müsüriň gyzy Bosem küýzäni ýere gaçyrdy we ol döwlüp, çym-pytrak boldy. Müsür oňa käýedi. Çagajyk gygyryp aglady-da, ejesiniň köýneginden ýapyşdy.
— Müsür, köşeş. Sen özüňi edil derwezeleriň alnyndaky däliler ýaly alyp barýaň. Sen çagalary beter gorkuzdyň, — diýip, Rahaw gyzy eline aldy. — Bosem, sen hiç zatdan gorkmaly dälsiň, biz bu ýerde howpsuzlykdadyrys, — diýip, Rahaw onuň ýaňagyndan ogşady. — Hemmesi oňat bolar.
Beýlekileri-de çagyryp, Rahaw elini bulaýlady.
— Çagalar, hemmäňiz meniň ýanyma geliň. Mende siziň üçin bir zatlar bar.
Ol Bosemi aşak düşürdi-de, oýnamak üçin dürli reňklere boýalan taýaklardan doly bolan sebedi aldy.
— Awiw, mähribanym, gel, biziň bilen oýna.
Rahawyň gyz jigileri Agri we Gera öz ärleri Wahep we Zebah hem öz çagalary bilen geldiler
— Aňyrda adamlar dälireýärler!
Beýleki çagalary görüp, Agri bilen Geranyň çagalary hem oýna girişdiler.
— Kakamyz bilen ejemiz nirede? — diýip, Ýogap sorady.
— Derwezelerde märekä goşulanlarynda, men olary gözden ýitirdim, — diýip, jogap berdi we Beýsmatyň elinden bäbegi aldy. — Belki-de, Müsür, sen olary gözläp bilersiň.
Rahaw ýerinden turdy-da, bäbegi bagryna basdy we onuň arkasyny sypalap, otagda ýöräp başlady.
— Garawullar derwezeleri ýapjak bolýarmyşyn diýip eşitdim, — diýip, Ýogap aýtdy.
— Olar hemmeleri goýbererler, — diýip, Rahaw köşeşdirdi. — Patyşa derwezeleriň ýapylmazyndan ozal zähmet çekmeklige ýaraýanlaryň ählisiniň şähere girmeklerini isleýändir. Eger goşun öldüriläýse, onda ol şäheriň ýaşaýjylarynyň diwarlarda durup, daşlary atmaklaryny buýrar.
Özüne kakasynyň gulak asmandygy üçin Rahawyň oňa gaty gahary gelipdi. Ýolda ylgap gelýän esgeriň ilkinji gykylygy eşidileninde, kakasy ejesi bilen bar zatlaryny taşlap, ökje götermelidiler. Şähere girmäge synanyşýan by sürüniň içinde olar heläk bolmazlar diýip Rahaw umyt edýärdi.
— Men gidip, olary gözlärin, — diýdi-de, Müsür gapa tarap ýöredi. — Zebah, yzym bilen gapyny gulpla.
Bir sagat geçdi, emma ol henizem dolananokdy. Beýsmat burnuny çekip başlady.
— Kakam bilen ejemiň şähere girenlerinde, ol hem dolanyp geler, — diýip, Rahaw çagalar üçin ýuwaş bolmaklyga synanyşyp aýtdy. Penjireden seredip, Rahaw aşakda uly märekäni gördi we şäheriň onuň daşynda ýaşaýanlardan dolandygyny aňdy. Hatda öz kerwenleri bilen syýahat edýän täjirler hem derwezeleriň açylmagyny talap edýärdiler.
— Bizi goýberiň! — bu Müsürdi.
Zebah gapyny açanda, aýallar uludan ýeňillik bilen demlerini aldylar. Beýsmat özüniň haldan düşen ärine tarap ylgady we burnuny çekip, onuň ýyrtylan geýminden ýapyşdy. Kakasy bolsa onuň yzy bilen girdi, onuň ýüzi gana bulaşandy.
Rahaw okara suw guýdy we öýe öz ýüküni girizýän ejesini gördi. Suwly okarany Agrä berip, Rahaw ejesiniň ýanyna bardy.
— Bulary goramaklyk üçin öz janlaryňyzy howp astyna salaryňyz ýaly munda näme hazyna bar? — diýip, Rahaw elini bukja tarap uzadyp aýtdy.
— Ýok! — diýip, ejesi gyzynyň elini aýryp aýtdy. — Ýok, ýok!
Rahaw gaharyndan tas aglajak bolupdy. Ol ata-enesiniň howpsuzlykdadyklaryna gaty şatdy we akmakdyklary üçin bolsa, olara gaty gahary gelipdi. Ol özüni ýuwaş edip görkezmäge synanyşdy, emma bu hakykatdan gaty daşdy.
— Hany! Ber, men alaýyn. Seresap bolaryn. Goýber!
Burnuny çekip, ejesi haldan düşendigi zerarly aşak çökdi. Ol başyny ýaglygy bilen örtüp, möňňürip aglap başlady.
Kakasy Agriniň kömeginden el çekdi-de, ýadawlyk bilen penjirä tarap ýöredi.
— Sen gördüňmi? Näme bolandygyny sen gördüňmi? Adamlar şäherden tä Duzly deňze çenli suw kimin ýygnaldy.
— Men gördüm, — diýip, Rahaw aýtdy. — Bu ýeriň üstüne Hudaýyň eli uzaldy we Ol edil oýnalýan daşlaryň süpürilişi kimin Öz duşmanlaryny süpürip taşlar.
Kakasy penjireden yzyna öwrüldi-de, Rahawyň penjiräniň aşagynda guran basgançagynda oturdy. Rahaw hiç haçan-da kakasynyň şeýle ýadandygyny görmändi. Kakasy sandyraýardy we onuň ýüzi der bilen örtülendi.
— Rahaw, sen mamla ekeniň. Olar bizi gyrarlar. Olar düzlükden edil çekirtgeler kimin gelýärler. Olar ýollarynda bar zady ýer-ýogsan ederler.
— Kaka, köşeşsene!
Hemmeler şonsuz hem gorky astyndadylar, kakasynyň sözleri bolsa, oda ýag guýýardy. Rahaw Agriden suwly okarany aldy-da, kakasynyň alnynda dyza çökdi. Hemmeleriň eşiderleri ýaly ol ses bilen gürledi.
— Biz heniz şu öýdekäk, howpsuzlykdadyrys.
Bir bölek matanyň suwuny silkdi-de, emaý bilen kakasynyň ýüzüni süpürişdirip başlady.
— Ömrümde ýekeje gezek-de men beýle zady görmändim, — diýip, kakasy hemizem sandyrap, gözlerini ýumdy we zordan demini aldy. — Şu günki ýaly ýagdaýy görerin diýip ömür oýlanmandym, — diýip, ol ellerini ýumruklady, teni bolsa gorkudan ýaňa doňupdy. — Men ömür beýle elhenç Hudaýy gormändim!
— Hawa, kaka, şu Hudaýa hyzmat edýän adamlar bize rehim etmekligi wada berdiler, — diýip, Rahaw suwly okarany goýdy-da, kakasynyň ellerinden tutup, berk gysdy. — Meniň penjirämden asylgy duran gyzyl ýüpi ýadyňa sal. Hasrat güni gelende, biz ölmeris.
* * *
Iordanyň gündogaryndaky Gilgalyň kenarynda ummasyz köp adamlar durup, ähli tireleriň wekilleri bolan on ikileriň her haýsynyň göterip bildiginden bir uly daşy alyp, düşelgäniň ortasyna gelýändiklerine syn edýärdi. Şol ýerde olar daşlary bir-birlerine ýanaşdyryp, Hudaýyň şu günki eden işi mynasybetli ýadygärlik gurdular. Ýeşuga on ikileri ýene-de derýa tarap ugratdy we olaryň her biri ýene-de bir daşdan alyp, Hudaýyň Iordandan geçiren ýerini bellik etmeklik üçin şol daşlary şol ýerde üýşmeleň etdiler.
Ruhanylar öňe ýöräp, äht sandygyny derýadan çykaranlarynda, suwlaryň şuwwuldaýan sesleri eşidildi. Derýa ýene-de öňküsi ýaly demirgazykdan we günortadan öz kenarlaryna dolanyp, joşup başlady. Ýene-de Iordan öz kenarlaryny ýuwdy.
Gilgal diýlip atlandyrylýan düşelgä Hudaýyň äht sandygy getirilende, Salmon müňlerçe beýlekiler bilen şatlanyp gygyrdy. Hemmeler ellerini galdyrdylar we özlerini wada berlen ýere getiren Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Taňra tagzym edip, seslerini gataltdylar.
* * *
Ýerihonyň diwarlarynda doňup galan adamlar garaşýardylar. Derwezeleriň ýapylyp, uly agaçlaryň olary berkitmezlerinden ozal şähere girip ýetişmedikler bolsa, daglara gaçyp, nätanyş ýerlerde özlerine gaçalga gözleýärdiler. Olaryň käbirleri hatda Ortaýer deňzine çenli bararlar we bütin ýollarynda olar ýewreýleriň geçmekligi üçin Ysraýylyň Hudaýynyň Iordanyň suwuny guradandygy baradaky habary ýaýradarlar!
Ysraýyllylar Kengana aýak basdylar!
Bäşinji bap
Kalep Ýahuda tiresiniň ähli erkeklerini we oglanlaryny ýygnady:
— Biz Pesah baýramçylygyna taýýarlanyş gününde Kengana girenimizde, Hudaý Ýeşuga şeýle tabşyryk berdi: Ysraýylyň ähli erkekleri sünnetlenmelidirler.
Müsürde ýaşanlarynda sünnet edilen atalarynyň Hudaýyň gaharyny getirendiklerini şol ýerdäkileriň ählisi bilýärdiler. Çünki olaryň atalary mukaddes halk bolmaklyga saýlanandyklaryna seretdezden, azat adamlar ýaly däl-de, gullaryňky ýaly oý-pikirler bilen ýaşaýardylar. Şeýlelikde, günäkär nesle öz ogullaryny sünnet etmeklik gadagan edilipdi. Emma indi wadanyň ýerine ýetirilmeli wagty dolupdy. Hudaýyň eli Ysraýylyň tohumyny Kengana getirer. Emma munuň amala aşmazyndan ozal, Hudaý Özüniň halkynyň ýene-de sünnetlenen bolmaklygyny isledi.
Salmon özüniň müňlerçe doganlarynyň arasynda garaşyp durdy. Ol ýerde dürli ýaşly erkekler — bäbeklerden tä ýigrimi alty ýaşly Salmondan on ýaş dagy uly bolan erkekler hem bardylar. Pyçak barada oýlanmajak bolup, ýigit Ýerihonyň diwarlaryna seretdi.
Birden duşmanlar ysraýyllylaryň hut şu wagt urşa ukyply däldiklerini bilseler, onda näme bolar? Olar goragsyz bolarlar we dört ýüz ýyl mundan ozal Ýakubyň ogullarynyň gyz jigileri üçin şekemlilerden ar alyşlary ýaly, olar hem ýeňlişe sezewar bolarlar. Muňa garamazdan, Salmon üçin gorkuly däldi. Hudaý Ýerihonyň ýaşaýjylarynyň gözleriniň alnynda täsinlik döretdi. Olar derwezelerini açyp, bu Hudaýa garşy söweşmäge gaýrat tapmazlar. Olar özleriniň berkidilen galalarynda oturmaklygy çözerler. Gorky olary doňdurypdy. Duşman Ysraýylyň sünnet edilişine syn eder. Goý, olar syn etsinler, sandyrasynlar we hereketsizlensinler. Pesah baýramy ýakynlap gelýärdi we bütin Ysraýyl ölüm perişdesiniň goýnuň gany çalnan gapylaryň gapdalyndan geçip, Müsüriň ilkinji doglanlaryny öldüren gijesini ýatlar.
Oglan agyry zerarly gygyryp aglady. Salmonyň rehimi gelip, ýüzüni çytdy. Onuň öňünde alty adam geçdi we indi onuň nobaty geldi.
— Salmon, — diýip, ýakynlap gelýän Kalep şadyýanlyk bilen aýtdy. Däbi ýerine ýetireninden soň, Kalep oňa pata berdi. — Goý, sen şu ähte girişiň ýaly nika-da gur we Hudaýyň huzurynda oňat işler amala aşyr.
— Goý, Hudaý meni Öz guly etsin! — diýip, Salmon zordan ýerinden turdy. Birsalym wagtyň içinde ol aňyndan gidip, özüni masgaralar öýtdi, emma başynyň aýlanmasy çalt geçdi. Ol öz çadyryna dolandy we boýrada dyzyna çökdi. Başyny aşak egdi-de, ol özüniň Hudaýyň saýlan halkyna degişlidigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirdi.
Günüň ahyrynda ol düşeginde ýatyrdy we her bir hereket agyry ýetirýärdi. Erkekleriň bary sünnetlendiler. Ysraýyllylar indi Müsüriň butparazçylygyndan doly azat bolup, azatlykda doglan Hudaýyň perzentleri boldular.
Äht täzelenipdi.
* * *
— Muny maňa ber! — diýip, Rahaw jigisiniň elinden toýundan edilen buty aldy-da, penjirä tarap ugrady.
— Sen näme edýäň? — diýip, Agri gygyrdy we ýerinden turup, Rahawyň yzyndan ylgady. — Ýok!
— Näme üçin sen bu nejis zady meniň öýüme getirdiň? — diýip, Rahaw ýalan hudaýy penjireden oklady-da, onuň aşakdaky daşlara urlup, çym-pytrak bolşuna syn etdi.
Agri agardy.
— Biziň hudaýlarymyzy hormatlamaýandygyň üçin olar senden ar alarlar!
— Eger-de ol azajyk-da güýje eýe bolan bolsa, onda ony penjireden oklamagyma ol ýol berermidi? Kelläňi işlet, Agri, ol şunuň üçin saňa berlendir. Şol but bize zyýan berer diýip oýlaýaňmy? Bu bary-ýogy bir toýun bölejigi ahyryn! Diňe ýeke Hudaý bardyr we Ol — gögüň we ýeriň Hudaýydyr. Ol ýaňyja Iordany ikä bölen Hudaýdyr! Bolanlary sen gaty çalt ýadyňdan çykaraýýaňmy?
Kakasy, ejesi, erkek we aýal doganlary gorky we aljyraňňylyk bilen Rahawa çiňerlip durdular. Gahar zerarly Rahaw sandyraýardy, emma gykylyk bilen olara düşündirip bolmajakdygyny ol bilýärdi. Näme üçin olar şeýle samsyk we kesirdiler? Näme üçin olaryň ýürekleri şeýle bir gataldylan?
Rahaw ýuwaşlyk bilen gürlemäge synanyşdy.
— Biziň ýeke-täk umydymyz — ýewreýleriň Hudaýyndadyr. Biz Ony gamgyn edip biljek her bir zatdan arassalanmalydyrys. Siziň goşlaryňyzyň içinde ýene-de butlar barmy?
Garyndaşlary seslerini çykarman, Rahawa seretmeklerini dowam etdirýärdiler. Rahaw bolsa gazap donuny geýipdi.
— Goşlaryňyzy döküşdiriň! Meniň öýüme ýene-de näme nejis zatlary getirendigiňizi görkeziň!
Göwünsizlik bilen olar bukjalaryndan goşlaryny birin-birin çykaryp başladylar. Agriniň äri Wahep toprakdan doldurylan boş gözenekli kelle süňküni çykardy.
— Meniň kakam, — diýip, ol süňke seredýän Rahawa aýtdy. — Ol akylly adymdy.
— Akylly we
— Ata-babalarymyz bize maslahat berýändirler!
— Onda olar näme maslahat berýärler? Özlerine meňzeş bolmaklygymyzymy? Toprakdan doldurylan süňk geljekki hökümden seniň nädip gaçmalydygyňy maslahat berip biler öýdýäňmi?
— Bu meniň kakam!
— Seniň kakaň öli, Wahep. Onuň kellesiniň bedeni bilen bile jaýlanylmadygy gaty gynançly.
— Rahaw! — diýip, kakasy oňa gygyrdy. — Sen ýeterlik gürlediň!
— Bu zatlaryň penjireden taşlananynda, men özümiň ýeterli gürländigim bilen ylalaşaryn! — diýende, doganlary garşy çykyp başladylar, emma Rahaw olardan-da gaty gygyrdy. — Siziň ölümiňiziň günäsini men öz üstüme almaly bolarmykam? Maňa gulak asyň! Baryňyz!
— Abyýasap! — diýip, Wahep Rahawyň kakasyna ýüzlendi. — Sen onuň bilen ylalaşýaňmy?
Özüniň baştutandygyny olaryň boýun almandyklarynda, ýüzüne gyzyl reňkiň urandygyny Rahaw duýdy. Ol penjiräni görkezdi.
— Şo taýa serediň! Näçe müň adamlary görýärsiňiz? Olaryň bary ýaňyja kenarlaryndan aşan Iordandan
Birsalymlap hemmeler ümsüm boldular. Onsoň kakasy şeýle diýdi:
— Rahawyň aýdyşy ýaly ediň.
Wahep ýalbardy.
— Eger men ony öz goşlarymyň arasynda gizläýsem bolmazmy? Ol hatda görünmezem! Şonda ol seni gamgyn etmez.
— Şeýle berk bagly bolan butuň bilen meniň öýümden gümüňi çek.
— Sen bizi kowýaňmy? — diýip, ol haýran galyp, Rahawa seretdi. — Öz jigiňi we biziň çagalarymyzy? Sen zalym aýal!
Gözýaşlar Rahawyň gözlerini ýakyp barýardy.
— Olar seniň we seniň butlaryňa eýerip, gapydan çykyp bilerler ýa-da Gudratygüýçli Hudaýa ynanyp, meniň bilen bilen galyp bilerler, — diýip, Rahaw aýtdy-da, hemmelere ser saldy. — Bu hemmelere-de degişlidir. Siz saýlamaly bolarsyňyz. Eger diwarlar kömek etmese, onda hudaýlar bizi gorarlar diýip umyt edip, biziň halkymyz gündiz diýmän, gije diýmän olara gurbanlyklar geitrdi. Emma toýun hudaýlar diri Hudaýa garşy durup bilmezler.
Rahaw Wahebiň elindäki süňki görkezdi.
— Dogan, sen bu boş gözeneklere seret. Olar saňa seredip bilerlermi ahyryn? Heý, bu äňler açylybam, akyldarlyk sözlerini aýdyp bilerlermi ahyryn? Bu süňk
— Men gorkýan! — diýip, Gera äri Zebahdan ýapyşyp, aglap başlady.
— Biziň barymyz gorkuzylandyrys, — diýip, Rahaw mähirliräk aýtdy. — Emma bu
Kakasy haýallyk bilen ýerinden turdy-da, ejesiniň ýanyna bardy.
— Biz hem şeýle etmelidiris, Darda. Butlary maňa ber.
— Abyýasyp, emma...
— Şähere girenimizde, biz olar üçin tas janymyzy beripdik. Rahaw mamla, — diýip, ol elini uzatdy we ejesi soňky güýji bilen şähere süýräp geteren haltasynyň agzyny açdy. Onuň içinde butlar üçin guty we emaý bilen goýun derisine dolanan alty sany tegelekler bardy. Rahaw sandyrady. Çagalygynda ol özüniň ata-babalarynyň öli gözli süňklerinden gaty gorkýardy. Olar geçen nesiller baradaky garaňky ýatlamalar kimin kakasynyň öýüniň iň hormatly ýerini eýeleýärdiler.
— Elbetde, biz gutyny galdyryp bileris, — diýip, ejesi aýtdy.
— Näme üçin? — diýip, Rahaw sorady.
— Ol owadan we gymmatbahadyr. Bu — piliň süňkünden, bu daşlar bolsa...
Rahaw ylalaşmak islemeýärdi.
— Ol diňe özüniň içinde bolanlar barada ýatlatma bolar.
Kakasy gutyny penjireden oklady we ol döwlüp, daşdan edilen keşpler aşak gaçdylar. Onsoň kakasy süňkleri hem taşlady. Biri-biriniň yzyndan olar daşlara urlup, çym-pytrak boldular.
Rahaw ýene-de göz gezdirdi.
— Gera, çagalardan dogalary aýyr.
Gera olary aýyrdy-da, Rahawa berdi we ol olary penjireden aşak taşlady. Rahawyň göwni göterildi. Garyndaşlary ýewreýleriň Hudaýyny gamgyn edip biljek zatlary otagda gözlediler. Rahaw duýgulardan dolup, olardan beýleki tarapa öwrüldi. Onuň öz butlary bardy: pul we howpsuzlyk küýsegi; özüni teninden aýyrmaklyk ukyby, netijede bolsa ol öz teninden sansyz-sajaksyz erkekleriň ulanmaklygyna rugsat berýärdi; patyşanyň halka özüniň hususyýeti hökmünde seredýänligine seretmezden, oňa hyzmat etmeklige taýýar bolmaklygy. Wah, eger ol diri Hudaýyň öňünde täzeden ýaradylyp, hemmesini täzeden başlap bilsedi! Ol Hudaýyň öňünde minnetdarlyk bilen dyza çökmeklik üçin özüniň haramlygyndan arassalanyp, utanjyndan ýanman bilsedi!
Gözýaşlaryny zordan saklap, Rahaw ýene-de penjireden seretdi. Ol altyn sandygyň duran ýeri bolan çadyra tarap elini uzatdy.
Müsür onuň bilinden tutdy-da, otaga çekdi.
— Garawullar görerler...
— Goý, görsünler, — diýip, Rahaw onuň elinden boşady-da, ýene-de penjirä ýakynlaşyp, ellerini öňe uzatdy. Goý,
* * *
Mukaddes sünnetlenmek adatyndan soň Ysraýylyň ogullary Pesah baýramçylygyny — Müsürden çykanlary mynasybetli bellenilýän baýramçylygy bellediler.
Salmon bilini daňyp, aýakgabyny geýdi-de, özüniň uly doganlaryna, olaryň aýallarydyr çagalarynyň hatarlaryna goşuldy. Onuň durmuşa çykmadyk gyz jigisi Leýa maşgalany jemleýärdi. Iň uly dogany Amynadap ala-garaňkylykda pesah guzusyny soýdy. Onuň aýaly ajy otlary we petir taýýarlady. Guzy otda taýýar bolýarka, maşgalanyň ähli agzalary däp boýunça Müsür gulçulygyndan azat bolmaklyga getiren ähli wakalary ýatladylar.
— Näme üçin şu gije beýlekilerden tapawutly? — diýip, iň kiçi oglan aýtdy-da, öz kakasyna, Salmonyň bolsa ikinji doganyna berk ýapyşdy.
— Kyrk ýyl mundan ozal Hudaý biziň atalarymyzyň öz gapylarynyň söýelerine guzynyň ganyny çalmaklyklaryny buýrupdy, — diýip, Amynadap çagalar düşünerleri ýaly edip gürrüň berdi. — Onsoň ölüm perişdesi Müsür halkynyň ilkinjilerini öldürmeklik üçin geleninde, ol ysraýylyň çagalaryna degmän geçdi.
Ýene bir çaga öz ejesiniň dyzynda oturyp, sorag berdi.
— Biz hemişe gullar boldukmy?
— Kakamyz Ýakup halkymyzyň Müsüre gelmezinden ozal aram çarwasy bolupdyr. Ýakubyň iki aýaly we iki gyrnagy bolupdyr we olar oňa on iki ogul, ýagny şu ýerde ýygnalan tireleriň atalaryny dogrup beripdirler. Biziň kakamyz bilen birlikde on ogullar özleriniň kiçi doganlary bolan Ýusuba göripçilik edipdirler. Şonuň üçin hem olar ony Müsüre barýan ysmaýyllara satypdyrlar. Ýusup köşk goragynyň başlygy bolan Potyparyň guly bolupdyr, emma Hudaý Ýusubyň ähli işlerine pata beripdir. Hatda Potyparyň aýalynyň Ýusuby elhenç jenaýatçylykda aýyplap, Potyparyň bolsa ony zyndana taşlanynda-da, Hudaý ony taşlamandyr. Ýusup heniz gulçulykda we zyndanda bolanynda, Hudaý ony öz kakasyny we doganlaryny ölümden halas etmeklige taýýarlapdyr.
Çagalar öz halkynyň taryhyny üns bilen diňläp, Amynadaba ýakynrak oturdylar.
— Wagtlar geçip, Müsür patyşasyny elhenç düýşler yzarlap başladylar. Hyzmatkärleriň biri Ýusubyň düýşleri ýorup bilýändigini aýtdy we patyşa ony getirtdi. Hudaý Ýusuba düýşleriň manysyny aýan etdi: Müsüri we ýakyndaky halklary beýik açlyk alar. Hudaý bolsa Müsüri nädip açlykdan halas etmelidigini Ýusuba aýan etdi. Patyşa Ýusubyň ýurduň iň akylly adamydygyny göreninde, ol ony Müsüriň hökümdary edip belledi.
Amynadabyň aýaly guzyny howlukman bişirýärdi, özi bolsa gürrüňini dowam etdirdi:
— Açlyk döwründe Ýakubyň ogullary däne satyn almak üçin Müsüre gelýärler. Ýusup doganlarynyň özüne garşy eden günälerini bagyşlap, olary Müsürde ýaşamaklyga çagyrdy. Patyşa olara Müsüriň iň bol hasylly ýeri bolan Goşeni berdi.
Amynadap iň kiçi çagany alnynda oturtdy.
— Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň doganlary aradan çykdylar, emma olaryň nesilleriniň gaty köp çagalary we agtyklary bolupdyr. Netijede Ysraýyl beýik halk bolupdyr. Müsürde bolsa Ýusubyň eden işlerinden habary bolmadyk patyşa peýda bolupdyr. Bu patyşa biziň halkymyzda howpy görüp, ony gula öwrüpdir. Ol biziň üstümizden rehimsiz gözegçileri goýupdyr, çünki ol halky agyr iş astynda ezjek bolupdyr. Emma Hudaý bizi hatda kynçylyklarda-da ýalkady we biz diri galdyk. Müsürliler bizden öňkülerinden-de beter gorkup başladylar we biziň gulçulygymyzy çydardan-da beter etdiler. Olar bizi kerpiç ýasamaklyga we meýdanda işlemeklige mejbur etdiler. Emma bu-da patyşa üçin az göründi. Ol ýewreý göbek enelerine ogul bolup doglan bäbekleri öldürmeklerini buýurdy. Emma bu aýallar patyşadan däl-de, Hudaýdan gorkupdyrlar we buýrugy ýerine ýetirmekden boýun towlapdyrlar. Şonda patyşa ähli ysraýyl oglanlaryny öldürmekligi buýrupdyr.
Amynadap elini gapdalynda oturan oglanlaryň biriniň egnine goýdy.
— Müňlerçe çagalar Nil derýasyna taşlandylar. Edil seniň doganyň ýaly bäbekler, Şamuwel. Emma Ýokebet atly bir edermen aýal öz çagasyny üç aýlap gizläpdir. Ahyrynda ony indi gizläp bilmäninden soň, ol bir sebede şepbik çalyp, oňa çagasyny goýupdyr. Onsoň ony gamyşlaryň arasynda suwa goýupdyr. Şol ýerde-de Müsür patyşasynyň gyzy tapypdyr…
— Hawa, bu Musady, — diýip, Amynadap ýuwaşja aýtdy. Onuň ýuwaşlygy çagalara-da geçdi we olar köşeşdiler. — Musa Hudaýyň saýlan guludy. Ol Ysraýyla Hudaýyň Özüniň Sinaý dagynda daş sahaplaryna ýazan Kanunlaryny getirdi. Äht sandygy şol Kanun üçin gurlandyr, — diýip, ol gyzynyň kellesini mähir bilen sypalady-da, beýleki çagalara seretdi. — Biziň kakalarymyzdyr ejelerimiziň özleriniň Hudaý bilen baglaşan ähtlerini bozandyklary sebäpli, biz kyrk ýyla golaý çölde beýewan bolup ýaşadyk. Kanun — biziň ony öwrenmekligimiz we nädip Hudaýa ýakymly durmuşy alyp barmalydygymyzy bilmekligimiz üçin ýazylandyr.
— Emma kanun ilki bilen ýüregiňde bolmalydyr, — diýip, Salmon goşdy.
Dogany oňa seretdi.
— Eger bu mümkin bolsa.
Salmon Rahaw barada oýlandy. Ol Kanyny bilmeýärdi, emma muňa seretmezden, ol işleri bilen Kanunyň asyl manysyny görkezdi.
— Hudaý Musany Müsür patyşasynyň ýanyna iberýär. Musa biziň halkymyzy patyşanyň goýbermekligini aýtdy, — diýip, Amynadap dowam etdirdi. — Emma patyşa gulak asmady.
Doganlaryň biri bolan Natun bir käse çakyr bilen öňe çykdy. Ol käsäni aşak egip, haýallyk bilen çakyry ýere döküp başlady.
— Hudaý on betbagtçylyk bilen Öz gazabyny Müsüre dökdi: suw gan boldy; Müsüri gurbagalar we çirkeýler doldurdylar; gyrgyn keseli, çybanlar we ýaralar, doly we ot müsürlileriň üstlerine ýagdy; çekirtge sürüsi indi; gündiz Müsüri garaňkylyk tutdy; ahyrynda bolsa müsürlileriň ilkinji doglan ogullarydyr mal-garalary öldürildi.
Çakyryň soňky damjasy ýere akdy.
— Her betbagtçylygyň öňünden Hudaý patyşanyň toba edip, halky ibermekligine mümkinçilik berdi, emma her gezekki betbagtçylykdan soň patyşanyň ýüregi gataýardy. Müsüriň üstünden soňky betbagtçylygyň amala aşmazyndan ozal biziň şikessiz bir guzyny öldürip, onuň ganyny gapylarymyzyň söýelerine çalmaklygymyzy Hudaý Musanyň üsti bilen buýurdy. Ölüm perişdesiniň gelen gijesi, ol Ysraýylyň ogullarynyň gapylarynda gany görüp, olaryň öýlerinden sowlup geçdi.
— Ejejan, sen näme üçin aglaýarsyň?
— Men biziň ata-enelerimiziň gulçulykdaky gaýgylary üçin aglaýaryn. Emma men şol Müsür patyşasy döwründe ölen müsürliler üçin hem aglaýaryn.
— Bütin Müsür görgi gördi, çünki patyşa öz ýüregini gataldypdy, — diýip, Amynadap aýtdy. — Ol Ysraýyla bolşy ýaly, öz halkyna-da rehimsizdi.
— Käbir müsürliler biziň bilen bile gitdiler, — diýip, Natun aýtdy.
Amynadap gözlerini gypdy.
— Olaryň bary çölde öldüler, çünki öz butlaryna çokunmaklaryny bes etdirmediler, — diýip, ol Salmona seretdi. — Olar biziň adamlarymyzy Hudaýdan daşlaşdyrdylar!
Salmonyň ýüzi gyzardy. Hemmeler bireýýäm Rahaw barada eşidipdiler.
Biziň hususy ýüregimiz bizi Hudaýdan daşlaşdyrýandyr, — diýip, ol ýuwaşja aýtdy. Hudaý şeýle diýýär: «Eý Ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň. Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň».
— Men Kanuny bilýändirin.
— Ol aýal Kanunyň harplaryny bilmeýär, emma onuň aslyny ýerine ýetirýär. Ol toba edip, Hudaýy öz durmuşynda birinji orna goýdy.
— Kim? — diýip, çagalaryň biri sorady, emma oňa jogap bermediler.
Amynadap baş bermeýärdi.
— Biziň aramyzda özge milletli bolmaly däldir. Olar öz ýanlary bilen özge ýurtlaryň hudaýlaryny hem getirýändirler. Olar betbagtçylyk getirýärler!
— Men razy, — diýip, Salmon ýuwaşja jogap berdi. — Özge milletler betbagtçylyk getirýärler. Emma olar özleriniň ýalan hudaýlaryndan ýüz dönderip, bütin ýürekleri, jany-teni we ähli güýji bilen Reb Hudaýy söýenlerinde özge ýurtly bolmaklaryny bes etdirýärler.
Amynadabyň gözleri ýene-de ulaldy.
— Olaryň diýýänleriniň hakykatmy ýa-da ýokdugyny sen nädip bilýäň? Özge hudaýlar bilen azgynçylyk eden aýala sen nädip ynanyp bilýäň? Onuň erkekleri barada bolsa, gürrüň hem eder ýaly däl?
— Kim? — diýip, ýene bir çaga sorady.
— Biziň kakalarymyzdir ejelerimiziň altyndan edilen göläniň heýkeli bilen zyna edişleri ýalymy? — diýip, Salmon gazabyny zordan saklap aýtdy. — Biziň gowşak ýerlerimizi sen gaty çalt ýadyňdan çykarýaň we olary sen diňe Hudaýyň patasyna eýe bolmadyklarda görýäň.
Dyzynda oturan çagany düşürdi-de, Amynadap ýerinden turdy.
— Sen bu aýaly we onuň garyndaşlaryny halas edip, bizi howp astyna salýaň!
Çagalar gorky bilen daş-töwereklerine seredişdirdiler. Salmon olara seretdi-de, onsoň uly doganyna bakdy.
— Hudaý bize Ýerihony berdi. Muny Onuň nädip etjekdigini men bilmeýärin, emma Ol muny bize buýrar. Eger Rahaw öz maşgalasy bilen geljekki wakalarda diri galsa, onda munuň sebäbi — ölümiň biziň golaýymyzdan geçişi ýaly, onuň bilen hem edil şeýle boldugyndadyr. Gyzyl ýüp asylgy dur...
— Gyzyl reňk — bu jelebiň reňkidir, — diýip, Natun aýtdy. Çar tarapdan özüne bolan hüjümi duýýandygyna seretmezden, Salmon ýeňiljek däldi.
— Gyzyl reňk — bu ganyň, pesah guzusynyň ganynyň reňkidir.
— Bolýar, goý, indi Leýa özüniň täsir ediji söraglayny bersin, — diýip, gyz doganynyň ýuwaş seslerini eşidip, Amynadap gülümjiräp aýtdy.
Salmon ýene-de Amynadaba seretdi.
— Ol aýalyň ýüregi Hudaýa degişlidir, men muňa ynamlydyryn. Ol edil Musanyň aýal dogany Merýem ýaly öz ynamyny berk aýan etdi. Şäheriň müňlerçe ýaşaýjylaryndan hut Rahawa Hudaý biziň ünsümizi sowandygy sizi haýran galdyrmaýarmy? Eger Hudaý ony halas etmejek bolsa, onda näme üçin beýle etdi?
Salmon çagalara ýüzlendi.
— Biziň mynasyp bolandygymyz üçin Hudaý bizi halas eden däldir. Kakalarymyzdyr ejelerimiziň Hudaýdan ýüz dönderendiklerini ýadyňyza salyň! Olar on betbagtçylygyň şaýatlary boldular; olar Duzly deňziň suwlarynyň ikä bölünenini gördüler! Bulara seretmezden, olar ahyryna çenli ynamda berk durup bilmediler. Käbirleri bolsa bütinleý Hudaýdan gidip, bagallara çokunyp başladylar. Ýok,
— Näme bolsa-da, Hudaý bizi halas etdi, — diýip, Amynadap berk aýtdy.
Salmon ýerinden turdy-da, beýlekilere ýüzlendi.
— Hawa, Hudaý
— Rahaw diýýänleriňiz kim? — diýip, çagalar jogaba garaşdylar.
— Mähribanlarym, bu wajyp däl, — diýip, aýallaryň biri ýuwaşja jogap berdi.
— Ýöne Ýeriholy aram aýaly, — diýip, Natun jogap berdi.
Salmon gaharyny zordan saklaýardy.
— Rahaw — ol çuňňur ynama eýe bolan aýaldyr. Ýerihonyň patyşasy bizi tutmaklyk üçin esgerler ibereninde, Rahaw men bilen Epraýymy öz öýünde gizledi. Bu şäheri Hudaýyň bize berýändigini ol bize aýtdy, — diýip, Salmon çagalara we aýal doganyna ýylgyrdy. — Siz tizara onuň bilen tanyşarsyňyz.
— Hemme zatda Hudaýyň erki bolar, — diýip, Amynadap aýtdy.
* * *
Rahaw ýyldyzly gijede Ýerihonyň düzlügindäki çadyrlaryň boýlarynda ýanyp duran müňlerçe otlara syn edýärdi. Ýogap ýerinden turdy-da, onuň ýanyna bardy.
— Nämäniň sesi gelýär?
— Aýdymyň.
— Bireýýäm ýeňenleri ýaly olar baýramçylyk gurýarlar.
— Olar bireýýäm ýeňdiler. Hudaý olaryň tarapyndadyr, — tizara öz garyndaşlary bilen Rahaw olar bilen bile, ýagny, ýeriň we gögüň beýik Hudaýyna degişli bolarys diýip umyt edýärdi.
— Näme üçin olar garaşýarkalar öýdýäň?
— Men bilmeýärin. Belki-de, olaryň Hudaýy garaşmaklygy buýrandyr.
— Näme üçin?
— Dogan, mende jogap ýokdur. Men hem seniň görýänleriňi görýändirin.
— Belki-de, olar biziň diwarlarymyzyň ýokarlygyny görüp, hüjüm etmezligi çözendirler, — diýip, ýassyga arka berip oturan ýerinden Müsür seslendi.
— Olar edil beýleki amor şäherleri bilen edişleri ýaly Ýeriho bilen hem edil şeýle ederler, — diýip, Rahaw aýtdy. — Emma şu ýerde bolanlar bizi halas ederler.
— Iýesim gelýär, — diýip, Bosem iňňildedi.
Rahaw ýylgyrdy-da, penjiräniň aşagyndaky basgançakdan düşdi.
— Men çörek bişireýin.
Ol közleriň üstüne odun taşlap, demir gapagy ýapdy. Daňdan ol gyz jigisi bilen un öwediler. Bir uly okara şol undan salyp, suw goşdy we ýakymly otlary garyşdyryp, hamyr taýýarlady.
— Bary seniň aýdyşyň ýaly bolar diýip umyt edýän, Rahaw, — diýip, Müsür aýtdy. — Biz halas bolarys diýip umyt edýän.
— Beren wadalaryny ýerine ýetirmeklerine Hudaý olary mejbur eder.
Tä ýuka bolýanç Rahaw bir bölek hamyry ýugurdy. Onsoň tegelek ýuka hamyry ol demir gapagyň üstüne goýdy. Hamyr çişip başlady we onda bug çykdy. Ujy ýiti taýajyklar bilen ol birnäçe deşikler etdi we seresaplyk bilen beýleki tarapyna öwürdi. Otagyň içi gowrulan dänäniň ysyndan doldy.
Rahawyň çörek bişirişine syn edip, Abip onuň daşyndan aýlanýardy.
— Mähribanym, tizara çörek taýyn bolar. Kakaňdan haýyş et, çakyr guýaýsyn.
Şol wagta golaýlap, birinji çörek taýyn boldy we Rahaw ikinjisini taýýarlap ýetişdi. Biraz sowamaklygy üçin ol birinjisini saçagyň üstünde goýdy we üçünjisini taýýarlamaga girişdi. Kakasy bir döwüm döwüp aldy-da, uly ogluna geçirdi. Ilki erkekler iýdiler, onsoň çagalar. Tegelek çöregi Rahaw dört bölege böldi we gyz jigilerine uzatdy. Toýun okarada biraz hamyr galdy we ondan Rahaw özi üçin külçejik bişirdi.
Müsür kakasyna ýene-de çakyr guýdy.
— Belki-de, olar biziň suw ýa-da iýmit üçin çykmaklygymyza garaşýandyrlar.
— Munuň üçin birnäçe aýlar gerek bolar! — diýip, Ýogap aýtdy. — Olar nireden hüjüm etmelidigini ýa-da derwezeleri nädir ýakmaklyk barada oýlanýan bolmaklary ahmal.
— Olar gala gaty ýakyn gelip bilmezler. Diwarlarda patyşanyň ýaýçylary durandyrlar.
— Siz henizem düşünmeýärsiňiz, — diýip, Rahaw seslendi. — Siziň pikiriňizçe, Hudaý Özüni hormatlaýanlaryň janlaryny gurban edermi? Ysraýylyň Hudaýy Kenganyň hudaýlary ýaly däldir. Ol öz halkyny goraýandyr. Ol olaryň ganlaryny küýseýän däldir. Siz biderek tolgunýarsyňyz.
Müsür onuň sözlerine üns bermedi.
— Söweş başlanynda, ysraýyllylar aljyraňňylyga düşerler.
— Dogan, aljyraňňylyk
— Näme üçin sen gaýta-gaýta olaryň Hudaýy barada aýdýaň? — diýip, ejesi gygyrdy.
— Halas bolmaklygyň başga-da ýoly bolmalydyr, — diýip, Ýogap aýtdy. — Belki-de, söweş başlamanka, biz şäherden çykmaga synanyşmalydyrys.
— Bize aýdylyşy ýaly garaşyp durarys, — diýip, Rahaw sabyrsyzlyk bilen aýtdy. — Eger biz özümizi goramaga synanyşsak, onda şäheriň beýleki ýaşaýjylary ýaly öldürileris. Ýok. Biz Hudaýyň adamlaryna bil baglarys. Olar gyzyl ýüpi görerler we öz wadalaryny ýatlaryna salarlar. Bu öýde biz howpsuzlykdadyrys.
Rahaw çörekden bir döwüm aldy-da, ony çakyra batyryp iýdi.
Şonda-da doganlary köşeşmediler, olar nägileliklerini aýtmaklygy dowam etdirdiler. Näme adama hereketlenmezligi başyndan geçirmek gaty kän? Rahaw sabyrly bolmaklyga synanyşýardy. Ol rehimli bolmak isleýärdi. Kakasy bilen doganlary bu dar jaýda uzyn günlerini geçirdiler. Olar bir-birlerinden ýadap başladylar. Aýallar hem olardan öwerli däldiler. Bu gürrüňleriň bary olary tolgundyrýardy. Rahaw öz garyndaşlaryny näçe söýdügiçe, şonça-da olar onuň üçin agyr synag boldular. Wada barada olara näçe ýatlatsa-da, olary näçe ruhlandyrsa-da, olar şonda-da soňuna çenli Rahawa ynanmaýardylar. Itiň agzyndan süňki goýberip bilmeýşi ýaly, olar hem geljek barada aladalanman bilmeýärdiler.
— Geliň, çöregi iýeliň-de, ýatalyň, — diýip, Rahaw teklip etdi. — Daňdan bary öz ýerinde bolar.
Rahaw ümsümlige we rahatlyga mätäçdi.
Hemmeler uklamaklyk üçin ýatanlarynda, Rahaw penjirä dolanyp geldi. Kanagatlanma bilen uludan demini alyp, ol ellerini ýaňaklaryna diredi-de, ysraýyllylaryň düşelgesine syn etmäge girişdi. Hemmeleriň haçan Ysraýylyň urşa başlajakdygyna garaşyp doňanlary ýaly, gije gaty ýuwaş boldy. Rahaw penjireden asylyp duran ýogyn ýüpi eli bilen sermeledi. Düşegine geçip ýatýança ýene ençeme wagt geçdi. Ýatdy-da, gözýaşlaryny saklajak bolup, ýüzüni elleri bilen ýapdy.
Söweş gutarandan soň ýewreýler özleriniň biri bolmaklyga Rahawa rugsat bererlermikä? Epraýym dostlukly däldi we Rahawy açyk höküm edipdi. Eger Rahawyň geljegi şunuň ýaly adamyň elinde bolaýsa, onda ol nämä umyt baglasyn? Ol öz wadasynda durup, Rahawyň maşgalasyny halas eder, emma onuň borçlary şunuň bilen gutarar. Rahaw bolsa mundan uly zada garaşýardy. Ondan ulusyny soramaklyga Rahawyň haky barmyka? Dileg etmek? Bu pikirler Rahawy däli edere getirýärdiler. Onuň edip biljek işiniň bary — bu garaşmakdy... we Hudaýyň Öz yzyna eýerijilerden rehimdarlygyna umyt etmeklikdi.
Hemişekisi ýaly Rahaw daňdan hemmelerden ir turdy. Ysraýyllaryň düşelgesinde hereketiň başlamagyna seretmeklige onuň sabyry galmandy. Müsür bilen Besýmatyň üstlerinden böküp, Wahep bilen Agriniň ýanlaryndan aýlanyp geçdi. Ýyldyzlar henizem asmanda şöhle saçýardylar we diňe yşygyň inçejik çyzygy täze günüň başlanýandygyny görkezýärdi.
Rahaw şäher diwarlaryndan okatym aralygynda duran beýik ýaşula gorky bilen seretdi. Ol diwarlara syn edýärdi. Söweş geýimlerine geýnen we özüni howp astyna salyp, ýekelikde duran bu adam kimkä? Belki-de, ol diwarlara syn edip, olaryň iň gowşak goralan ýerlerini agtarýandyr? Onuň keşbi jogapkär we paýhasly serkerdä meňzeýär. Belki-de, ol duşmanyň goragyny öwrenýändir? Elbetde, eger ol ysraýyl goşunynyň serkerdesi bolsady, onda onuň ýanynda janpenalaryň işini ýerine ýetirýän esgerler-de bolardy. Boýnuny uzadyp, Rahaw onuň janpenalaryny gözledi, emma hiç kimi görmedi.
Rahaw ýene-de ol adama seredende, onuň ýanynda eýýäm ýene bir esgeriň gylyjyny gynyndan çykaryp duranyny gördi. Ol nireden peýda boldy? Rahaw onuň gelýändigine üns bermelidi ahyryn! Ýaşuly çaltlyk bilen esgeriň ýanyna bardy. Ýaşulunyň hereketlerinde çakylyk we sabyrsyzlyk bardy. Ol Ýerihonyň diwarlaryna şeýle bir ýakyndy welin, hatda Rahaw onuň dodaklarynyň gymyldaýşyny-da saýgaryp bilýärdi.
Ýaşulunyň esgeriň öňünde dyza çöküp, ýere ýüzüni berenini görende, Rahawyň ýüregi sandyrady. Şondan soň ýaşuly diňe aýakgabyny çykarmaklyk üçin ýerinden turdy. Rahawyň ini tikenekläp gitdi. Ýaşulunyň öňünde duran adam kimkä? Näme üçin ýaşuly özünden kiçä tagzym etdi?
Müsür düýşünde gepirgendi we Rahawy gorkuzyp, beýle tarapyna öwrülip ýatdy. Rahaw daş-töweregine seredişdirdi.
— Müsür, — diýip, Rahaw ýuwaşja çagyrdy. — Tur! Çalt bol! Seret, diwaryň aňyrsynda näme bolýar?
Rahaw penjirä tarap öwrülende, eýýäm esger ýokdy, ýaşuly bolsa başyny galdyryp we egnini dürsäp, düşelgä tarap ýöredi. Rahawyň bütin bedeni tekenekläp gitdi.
— Aňyrda näme bar? — diýip, ukusyndan doly açylmadyk Müsür aýtdy-da, Rahawyň ýanyna baryp, penjireden seretdi.
Rahaw başarnygyndan penjireden kellesini uzadyp seretdi. Esger hiç ýerde-de ýokdy. Ony duýdansyz şadyýanlyk eýeledi.
— Müsür, wagt doldy. Hudaý Öz halkyny olaryň ýurduna eltýär!
Altynjy bap
— Hudaýyň goşunynyň serdary maňa Onuň tabşyrygyny aýtdy, — diýip, Ýeşuga ysraýyl goşunynyň köplügine ýüzlendi. Ol bireýýäm ruhanylary ýygnady we olara elini uzadyp, ýumuş buýurdy. — Äht sandygyny alyň we onuň öňünden gitmekleri üçin ýedi ruhanylary belläň. Şol ýedi ruhlaryň her birinde goçuň şahyndan edilen surnaý bolsun, — diýip, ol ýene-de esgerlere ýüzlendi. — Hatar-hatar bolup, şäheriň töwereginden aýlanyň we ýaraglylar Hudaýyň sandygyna ýol açsynlar.
Töweregindäkiler ýaly Salmon hem tolgunýardy. Olaryň hemmesi ýarym ses bilen gürleşip başladylar. Garym gazmaly dälmi näme? Olar ýerde berkitmeler gurmaly dälmi ahyryn? Diwar ýykýan ýaragsyz olar nädip Ýeriho galasyna girip bilerler?
Ýeşuga elini galdyrdy we hemmeler ýene-de ümsüm boldular.
— Mundan beýläk sem boluň. Tä gygyrmaklyga buýruk berenime çenli ýekeje-de söz çykmasyn!
Hemmeler sem bolmaklyga ant içdiler.
Tireler hatarlara düzüldiler we ýüzbaşylar buýrugy gaýtaladylar. Onsoň ümsümlik aralaşdy we köp sanly goşun Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolup, öňe ýörediler. Ümsümligi bölýän ýeke-täk zat — bu-da surnaý sesleri bilen kapyýalaşýan ysraýyl goşunynyň aýak sesleridi.
* * *
Rahaw galanyň goragçy esgerleriniň gykylyklaryny eşitdi:
Müsür penjirä tarap ylgady.
— Biz näme etmeli? Bizde şol gyzyl ýüp barmy? Biz näme...?
— Biz garaşarys, — diýip, Ýerihonyň düzlüginden ýöräp gelýän köp sanly Ysraýylyň goşunyna syn edip, Rahaw arkaýynlyk bilen aýtdy. Olar göni şähere tarap gelýärdiler. Surnaýlaryň çuňňur sesleri uzaklardan eşidilýärdi, emma hut ýöräp gelýän müňlerçe aýak sesleri Rahawyň ýüregini çaltlyk bilen urmaklyga mejbur etdi. Olar hatarma-hatar bolup gelýärdiler. Ýakyndan ýakyna. Rahaw ýeriň sandyraýandygyny duýdy. Ýa-da Hudaýyň gelmekliginiň beýik we gorkunç gününiň gelendigi sebäpli Rahawyň özi titreýärmikä? Ol surnaýly ruhanylary, Hudaýyň sandygyny we özüne golaýlap gelýän esgerleri gördi.
— Bu olaryň Hudaýymy? — diýip, Rahawyň ýanynda duran Müsür sorady. — Bu Olmy?
Geň ganarlary bir-birine gönükdirilen, şunuň ýaly owadan zady Rahaw hiç haçan hem görmändi.
— Ýeri we gögi ýaradan Hudaý hiç bir guta salnyp bilinmez.
— Onda olar näme göterip gelýärler?
— Munuň Hudaýyň sandygy diýlip atlandyrylýandygy hakda men eşidipdim. Olaryň serdary bolan Musa Sinaý dagyna çykypdyr we şol ýerde Hudaý Öz eli bilen daş sahaplaryna kanunlar ýazypmyş. Hut şony-da olar göterip gelýän bolmaklary ahmal.
— Eger sandyk eýelense, onda onuň güýji beýlekilere geçermi?
Rahaw öz doganyny gowy bilýärdi we onuň pikirleriniň näre eltýändigini-de aňyp bilýärdi.
— Hudaý ysraýyllylary Özüniň halky edip saýlady we Ol olara kanunlar berdi. Näme üçindigini men bilmeýärin. Emma Onuň güýjüni başgalara berip bolýan däldir. Müsüre on betbagtçylygy adamlar iberdimi näme? Ýa-da adamlaryň özleri Duzly deňzi ikä böldülermi? Iordany haly kimin adamlar ýygnadymy näme? Güýç Hudaýa degişlidir. Hudaý bolsa — bu... — Näme diýjegini bilmän Rahaw elini gerdi. — Hudaý — bu
— Olarda hatda diwarlary ýumurýan ýaraglary-da ýok, — diýip, Ýogap Rahawyň egninden uzalyp seredip aýtdy.
— Gabaw üçin gurnamalary-da ýok, — diýip, kakasy penjirä golaýlap aýtdy.
Erkekler ýakynlap gelýän goşuny görmekligiň sabyrsyzlygyndan ýanyp, Rahawy bir çete gysyp, penjireden aýyrdylar.
— Nädip olar derwezeleri döwüp, şähere girmek isleýärler? — diýip, Müsür sorady.
— Olar tizara diwarlara hüjüm ederler, — diýip, kakasy gaýgyly aýtdy. — Olar gaty ýakynda.
— Hawa, olar gaty ýakyn welin, hatda diwarlarda duran esgerler olary ýaýlar bilen öldürip bilerler, — diýip, Ýogap aýtdy.
Ysraýyllylaryň öňdäki hatarlary gapdala öwrüldiler we indi olar diwaryň ugry boýunça ädimleýärdiler.
— Olar näme işleýärler? — diýip, Müsür sorady.
— Belki-de, olar galanyň beýleki tarapyndan hüjüm etmekligi çözendirler, — diýip, kakasy gaýgyly aýtdy.
Ysraýyl esgerleriniň galanyň daşyndan aýlanyşlaryna olar daň bilen ençeme wagtlap syn etdiler. Ýene-de sandyk peýda bolanda, Rahaw gözlerini ýumdy we hormat bilen başyny egdi. Şol wagt goşunyň soňky hatary Ýerihonyň daşyndan aýlanyp çykdy.
Yza çekilýän goşuna masgaralaýjy sözleriň ýagdyrylanynda, Rahaw ýüzüni çytdy. Tizara ýeňijiler boljaklary masgaralaýandyklaryny diwardaky adamlar bilýärlermikä? Ysraýylyň Hudaýyny masgaralap başlanlarynda, Rahaw gulaklaryny dykasy geldi. Öz halky, olaryň özlerine ynamlylygy we olaryň Gudratygüýçli Hudaýy masgaralaýandyklary üçin Rahaw utandy.
Eger onuň halkynda ýekeje damja akyldarlyk bar bolsa-dy, onda olar sowgatlar bilen ilçileri ibererdiler! Patyşa bolsa galadan çykyp, ysraýyllylaryň Hudaýyna wepalylygy barada ant içerdi! Munuň deregine bu ýürekleri gatadylan duýgusyz adamlar galany ýapyp, ony mazara öwürdiler.
— Olar bizden aýryldylar! — diýip, Müsür şatlandy. — Ysraýyllylar yza çekilýärler! — diýip, ol Rahawa tarap öwrüleninde, onuň ýüzi gahardan ýaňa gyzarypdy. — Seniň pikiriňçe, indi biz bilen näme bolar?
— Rahaw, sen ýalňyşdyň! — diýip, Ýogap öz gaharyny we lapykeçligini Rahawyň üstüne döküp aýtdy. — Bizi gorarlary ýaly diwarlar
— Eger seniň içalylary gizläp, garawullara ýalan sözläniňi patyşa eşidäýse, onda sen sebäpli biziň barymyz öldürileris! — diýip, Müsür sözüni dowam etdirdi.
— Eger aramyzdan kimdir-biri bu barada patyşa ýetiräýse, diňe şonda ol biler, — diýip, kakasy söze goşuldy. Indi ol patyşadan gorkýardy. — Baryňyz meni diňläň. Hemmäziň uýaňyz üçin sem bolarsyňyz! Ol siziň janlaryňyzy halas ederin öýtdi!
Gera öz çagalarynyň birini eline galdyrdy.
— Näme üçin biz gulply gapyly otagda bütin günläp oturdyk?!
Özüniň lapykeçliligini olaryň bilmeklerini Rahaw islemeýärdi. Bu gün özleriniň halas bolma güni bolar diýip Rahaw umyt edipdi, emma bu Hudaýyň niýetlerine girmeýän ýalydy. Rahaw diňe gir zada berk ynanýardy.
— Bu diwarlar olara garşy durup bilmezler.
— Olar şu gün gelerler diýip sen aýdypdyň!
— Hawa, Beýsmat, olar şu gün geldiler, — diýip, Rahaw ýuwaşja jogap berdi. — Olaryň ertir hem dolanjakdyklaryna men şübhelenmeýärin, — diýip, ol ellerini gerip, näme diýjegini bilmedi. — Olaryň näme üçin beýle edendiklerini menden soramaň. Men bilmeýärin. Men — Hudaýmy näme? Men diňe güman edip bilýän.
Näme üçin ol bu kesir adamlaryň aladasyny öz üstüne aldyka?
— Näme barada sen oýlanýaň? — diýip, ejesi sorady.
Rahaw ejesini köşeşdirmeklik üçin oňa tarap öwrüldi. Ýakynlap gelýän goşun seslerini eşidende, ejesi aglapdy, indi bolsa, ol çagalarynyň arasyndaky näsazlyklar üçin aglaýardy.
— Müsürde, Duzly deňizde we ýaňyja Iordanda bolşy ýaly täsinligiň boljakdygyna men ynanýaryn. Men muňa ynamlydyryn, eje, — diýip, Rahaw beýlekilere seretdi. — Men muňa doly ynamlydyryn. Men Ysraýylyň Hudaýyna öz durmuşymy ynanmadymmy näme?
— Biziňkini hem ynandyňmy? — diýip, Müsür ýüzüniň çytyklygy bilen aýtdy.
Näme üçin onuň maşgalasy Hudaýy özüniň görşi ýaly görüp bilmedi? Olaryň gözleri ýumlup, gulaklary dykylandymy näme?
— Hawa, men siziň janlaryňyzy hem ynandym. Men muny boýun alýaryn. Emma siz saýlaw kabul ederiňiz ýaly henizem erklisiňiz. Siz bu öýden daşardakylaryň hemmesi bilen öz umydyňyzy diri Hudaýa däl-de, diwarlaryň galyňlygyna baglap bilersiňiz. Men bolsa ýene garaşyp, Hudaýyň etjek işlerine syn etmekligi saýlaýaryn. Men şu ýerde galaryn. Eger biz şu öýde galsak, onda bize halas bolmaklygy
— Rahaw, emma... — diýip, Ýogap ylalaşmady, — olar hiç zat edip bilmezler ahyryn! Olarda hatda diwarlary ýumurýan ýaraglary-da ýok!
— Derýadan geçmeklik üçin olara
— Men ynanýaryn, — diýip, Abip aýtdy.
Rahaw ýylgyrdy-da, çaganyň elinden tutdy.
— Mähribanym, goý, beýlekiler hem şunuň ýaly akylly bolsunlar.
Ol çagany bagryna basdy-da, bolýanlara syn etmeklik üçin penjirä ýakynlaşdy.
* * *
Özüniň ýadawlygyna haýran galyp, Salmon çadyryna dolanyp geldi. Elbetde, birnäçe kilometr geçeni bilen ol beýle ýadamaly däldi. Ol dyzyna çökdi-de, şu gün söweşmeli bolmandyklary üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Ol özüniň gylyjyny göterip biljekdigine şübhelenýärdi. Ýatmaga taýýarlanyp, Salmon ýüzüni çytdy. Sünnetiň yzasy heniz hem azar berýärdi. Ýa-da ol Pesahyň baýramçylygyndan soň özüni ýöne ýadaw duýýardymyka?
Düşelgede ümsümlik höküm sürýärdi.
Düşeginde uzalyp, ellerini kellesiniň aşagynda goýup, Salmon oýa batdy. Rahawyň şu wagt näme işleýändigini onuň bilesi geldi. Garyndaşlaryny öz öýüne çagyryp, şol ýerde garaşmalydyklaryna olary yryp bildimikä? Iki erkegi penjireden aşak düşürenini birden kimdir-biri gören bolsa näme? Onda patyşa ony bireýýäm jezalandyrandyr. Gorkudan ýaňa Salmon doňdy, emma ol özüni rahatlanmaga mejbur etdi. Elbetde, Oňa bolan ynamyny ýöne söz bilen aýtman, iş ýüzünde-de subut eden aýaly Hudaý hökman gorar. Rahaw utançsyzlyk bilen penjiresinden uzalyp, özlerini çagyranda, Salmon onuň owadanlygyna haýran galypdy. Emma ol öz durmuşyny howp astyna salyp, özi bilen dosty Epraýymy halas edendäki edermenligi we berk ynamy hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däldi. Ynam we edermenlik.
Rahaw barada oýlanmagy bes etdirmeli.
Gurşap alan ümsümlikden onuň gulaklary dykyldy. Salmon öz ynamy barada oýlandy. Hudaý öz halkynyň gowşak ýerlerini bilýärdi. Her bir buýruklary şübhe astyna salyp, hatda olara boýun bolmazlyk adamlara tebigatdan berlen bolsa gerek. Heniz Ýeşuga tabşyrygy doly aýdyp ýetişmänkä, bireýýäm nägilelik başlapdy.
Salmonyň kakasy we ejesi çölde aradan çykypdylar, çünki olaryň nesli Hudaýa boýun bolmakdan ýüz dönderipdiler. Ýeşuga akylly hereket etdi. Adamlary sem etmelidi. Olar şäheri özbaşdak eýeläp bileris diýip, gaty çaltlyk bilen sabyrlylygy ýitirdiler. Birwagtlar olar şeýle gynançly ýalňyşlygy edipdiler.
Ýadawlykdan uka batyp, Salmon gözlerini ýumdy. Kellesinde henizem aýak sesleri eşidilýärdi. Olar Ýerihodan daşlaşyp başlanlarynda, Salmon kenganlaryň gülkülerini eşidip, olaryň masgaralamalaryndan ejir çekipdi. Emma ol dişlerini gyjatdy-da, Gilgala tarap yza çekilmegini dowam etdirdi.
Jogap bolmady.
Ertesi daňdan Salmon ýerinden turdy-da, Ysraýylyň beýleki tireleriniň arasyndaky Ýahuda tiresiniň esgerlerine goşuldy. Ýeşuga şu günüň tabşyryklaryny ses bilen aýtdy we ýüzbaşylar olary öz adamlary üçin gaýtaladylar.
Ruben, Gat we Manaşe ýarym tiresiniň ýaragly esgerleri öz hatarlary bilen Ýerihonyň düzlüginden ýöräp gitdiler, olaryň yzlary bilen söweşe taýyn bolan beýleki tireler hem, surnaý çalýan ruhanylardyr sandygy göterip barýan ruhanylar hem gitdiler. Olar geçen gezekkileri ýaly Ýerihonyň daşyndan aýlanyp, ýene-de Gilgala dolanyp geldiler.
Üçünji gün tabşyryk öňküsi ýaly galdy... we dördünji gün hem şeýle boldy.
Gün-günden diwarlardan öňkülerinden-de beter gülküler eşidilýärdi, kenganlylar Hydaýy masgaralaýardylar. Her gezek şäheriň daşyndan aýlananlarynda, Salmon galanyň diwarlaryna seredip, Rahawyň penjiresinden asylgy duran gyzyl ýüpi görerdi. Penjirede duran birini Salmon iki gezek gördi, emma ol kişiniň penjirä kän ýakyn gelmändigi sebäpli onuň Rahawdygyny ýa-da garyndaşlaryndan biridigini aňyp bilmedi. Rahawyň janynyň sagdygy barada gyzyl ýüp şaýatlyk edýärdi.
Eginlerini galdyryp, başlaryny dik tutup şäheriň daşyndan aýlanyp ýöränlerinde, ýurtdaşlarynyň ýüreklerinde gaharyň gaýnandygyny Salmon bilýärdi. Özüniň hem ýüregi ýanýardy.
Halk buýruga doly boýun boldy. Adamlar sem bolmaklaryny dowam etdirýärdiler. Olar Hudaýyň öç aljak gününe garaşyp, aýaklaryny galdyryp, çözgütlilik bilen ýene-de ýere basýardylar. Şol gün gelende, olar gynlaryndan gylyçlaryny çykararlar.
Bäşinji gün Salmon güýçden doludy. Ysraýylyň goşuny doly sagalypdy, dynçlaryny alyp, Reb Hudaýy masgaralanlary gyrmaklyga doly taýyndylar.
* * *
— Men henizem olaryň aýak seslerini eşidýärin, — diýip, ysraýyl goşunynyň altynjy gezek şäheri aýlanyp, ony taşlanlarynda, Beýsmat aýtdy. — Bu ses zerarly meniň kelläm güwwüldeýär. Müňlerçe ädimleýän adamlar.
— Şu gün düýnküsinden hem gaty eşidilýär, — diýip, Gera seslendi.
— Her gezek ysraýyllylar şäheriň daşyndan aýlananlarynda, ýer öňküsinden-de güýçli sandyraýar. Duýýaňyzmy? — diýip, Zebah sorady. — Ýa-da diňe maňa şeýle görünýärmikä?
Rahaw Müsüriň eli bilen tekjäniň tozanyny süpürenini gördi. Ysraýyllylaryň şäheri aýlanmaga başlamazlaryndan ozal bu tekjäniň üstünde hiç hili tozan hem ýokdy. Müsür barmaklaryny biri-birine süpürişdirip, ellerini silkdi. Ýüzüni çytdy-da, ol otagyň diwarlaryna göz aýlady.
— Gapynyň gapdalynda diwarda jaýryk peýda boldy.
Ol Rahawa seretdi.
Rahaw bolsa ýylgyrdy.
— Belki-de, ertir halas bolmaklygyň güni geler, Müsür. Belki-de, ertir biz azat bolarys we töweregimizdäki diwarlar ýumrularlar.
* * *
Hudaýyň şabat güni bolan ýedinji günüň daňynda tabşyryk üýtgedi. Salmon zordan dem alýardy. Rahat we ümsüm bolup, ýeňijiniň şatlygy bilen ellerini galdyrmazlyk üçin ol erkiniň bar güýjüni ýygnamaly boldy. Öziniň we doganlarynyň köplüginiň tertibi saklanlarynda, Salmonyň ýüregi bolsa söweşiň sesine kapyýalaşyp urýardy.
Şu gün söweş başlar. Şu gün Salmon özi üçin şähere ýol açar we ölüm olaryň üstlerine abanýança, ol Rahawy tapyp, ony maşgalasy bilen howpsuz ýere alyp çykar.
Ýedinji bap
— Olar şu gün gitmezler, — diýip, penjiräň ýanynda duran Müsür aýtdy. — Olar ýene-de şäheriň daşyndan aýlanmaga başladylar!
Ýogap onuň ýanyna geldi we öz gözi bilen görjek bolup, penjireden seretdi.
— Çyndanam şeýle!
Rahaw suwuň möçberini barlady. Suwuň heniz ýeterlikdiginden kanagatlanyp, ol jamy doldurdy-da, Abipi çagyrdy.
— Biz taýýarlanmalydyrys, — diýip, Rahaw matanyň bir bölegini suwa batyrdy-da, okaranyň üstünde ony sykdy. — Yzymyzdan gelenlerinde biz gowy görünmek isleýändiris.
Ol Abipiň tozanly ýüzüni ýuwdy. Gulaklaryny arassalap başlanynda bolsa, Abip ýüzüni çytdy.
— Olar tiz gelerlermi?
— Biz taýýarlanarys we Hudaý şu güni saýlandyr diýip umyt ederis.
— Nädip olar şähere girerler?
— Olaryň Hudaýy girizer. Indi bolsa bar-da, ejeňden arassa eşikleriňi geýdirmegini haýyş et. Bosem, meniň ýanyma gel, ýüz-gözüňi ýuwaly.
Rahaw özüne çiňerilip seredip oturan ejesi bilen gyz jigilerine seretdi. Ol özüni doldurýan şatlykdan ýaňa bökjekleýärdi.
— Turuň! Ýuwunyň! Saçlaryňyzy daraşdyryň. Iň oňat eşikleriňizi geýiň! Halasgärlerimizi biz kir eşikli we tozanly çytyk ýüzümiz bilen garşy alyp bilerismi? — diýip, ol gülýärdi. — Biz edil toý dabarasyna taýýarlanýanymyz ýaly geýinmelidiris!
Ol bukjasyny açdy-da, ençeme ýyl mundan ozal satyn alan köýneklerini çykaryp başlady.
— Şu gün bütin Kengan biziň Hudaýymyzy diwarlaryň saklap bilmejekdiklerini görerler. Şu gün biziň halas bolma günümizdir!
Kimdir biri pyşyrdady:
— Sen düýn şeýle diýipdiň.
— Öňňin hem, — diýip, başga biri goşdy.
* * *
Ysraýyllylar üç gezek galanyň daşyndan aýlandylar. Onsoň dördünji, bäşinji we altynjy gezek. Her aýlawdan özüniň güýjüniň artýandygyny Salmon duýýardy, çünki Hudaýyň güni ýetipdi we şu gün Hudaý Özüni görkezer. Gündogar derwezeleriniň ýanyndaky penjireden gyzyl ýüp asylgy durdy. Ýedinji gezek galanyň daşyndan aýlanmaga başlap, Salmon gözüni aýyrman şol gyzyl ýüpe seredýärdi. Epraýym bolsa onuň ýanyndady.
Onsoň buýruk sesi geldi. Ýeşuga şeýle diýdi:
— Batly ses ediň! Çünki Hudaý size şäheri berendir! Şäher we onuň içindäkileriň bary Hudaýa gurbanlyk hökmünde dolulygyna gyrylmalydyr. Biziň goýberen içalylarymyzy gizläni üçin diňe jelep aýal Rahaw we onuň öýündäkiler diri galdyrylmalydyrlar. Näletlenen zatlardan özüňize hiç zat almaň. Bolmasa siz öz başyňyza bela getirersiňiz we bütin ysraýyl halkyna nälet getirersiňiz. Kümüşden, altyndan, bürünçden we demirden edilenleriň bary Hudaýa bagyşlanyp, Onuň gaznasyna getirilmelidir.
Ýedinji aýlawa başlanlarynda, Salmonyň ýüregi batly we çalt urýardy. Aýaklary ýere berk urulýardy we aýagynyň sesleri beýleki müňlerçeleriň sesleri bilen bilelikde äheňlenip, günbatardaky daglarda eşidilýärdi.
Onsoň bütin goşun şähere tarap öwrüldi. Dabara surnaýlarynyň sesleri elhenç harby ses bilen gygyrýanlaryň millionlarça seslerinde ýitip gitdi.
* * *
Bu gorkunç sesden Rahawyň ýüregi titräp gitdi. Ol dymyk gümmüldi eşitdi we onuň yzysüre derwezeleriň üstündäki diňden gelýän adamlaryň ahy-nalalaryny eşitdi. Käbirleri penjireden ýapyşdylar, çünki daş-töwerek sandyraýardy. Ejesi bilen gyz jigileri gorkudan gygyrdylar we hatda kakasy bilen doganlary hem gygyrdylar.
— Diwarlar!
Diwarlardan daşlar goparylyp, aşak gaçanlarynda ýerden tozan göterildi. Rahawyň öýi bilen derwezeleriň aralygyndaky diwar olaryň gözleriniň alnynda ýumruldy we daşlar dagdan inýän gar kimin aşak ugrukdyryldylar. Adamlar diwarlardan aşak gaçýardylar, ýokardan inýän daşlar bolsa, olary berkitmeleriň aşagynda diriligine jaýladylar.
Şonda ysraýyllylar şähere hüjüm etdiler we olaryň gykylygyndan Rahawyň teninde ysgyny galmady. Müňlerçe kenganly esgerler gylyçlaryny galdyryp, Rahawyň öýüne tarap ylgadylar, emma diwardan gaçýan daşlar olary ýaralady. Olar ýerlerinden turjak bolanlarynda, ilkinji bolup ylgap gelen ysraýyl esgerleri tarapyndan öldürildiler.
Rahaw penjiresiniň basgançagyndan böküp düşdi.
— Goşlaryňyzy ýygnaň. Halasgärlerimiziň gelmeklerine biz taýyn bolmalydyrys. Çalt bol, Beýsmat! Çagalar, meniň yzyma geçiň!
Ysraýyllylaryň gykylyklary batlananda, Rahaw öňe çykdy. Onuň jaýynyň daşky diwary jaýryk açyp, onuň bir bölegi ýumruldy.
— Baryňyz meniň yzymda duruň. Çalt boluň! — diýip, Rahaw gümmürdi seslerinden-de batly gygyrmaga synanyşdy. — Gorkmaň! Berk duruň!
* * *
— Öz wadaňyzda duruň! — diýip, Ýeşuga Salmon bilen Epraýyma gygyrdy. — Jelebiň öýüne baryp, ony we onuň maşgalasyny şäherden çykaryň!
Tä gany gyzýança, Salmonda Hudaýa bolan gabanjaňlyk artýardy. Ar almaklyk onuň elindedi. Ol ýedi günüň içinde diwarlardan eşiden gülküleri we masgaralamalary zerarly ýygnalan bütin gaharyna erk berip, harby ses bilen öňe ylgady. Ol ne sagyna, ne-de soluna seretdi, ol göni ýumrulan derwezelere tarap ylgady. Gylyjyny bulaýlap, Salmon Hudaýyň ar alyjy goşunyndan gizlenjek bolýan kengan esgeriniň kellesini aýyrdy.
— Bärik! — Ar alýan esgerler we gorka düşen kenganlar tarapyndan göterilen sesden batly gygyrjak boljup, Salmon sesiniň baryndan gygyrdy. — Bärik, Epraýym!
Olar saga döndüler-de, özleriniň ilkinji gezek şähere giren günlerindäki Rahawyň ýöräp gelen ýoly bilen ylgadylar. Ýumrulan diwarlar arkaly müňlerçe ysraýyl esgerleri şähere girdiler. Ýerihonyň esgerleri aljyraňňylyga düşüpdiler we olaryň sesleri gorku bilen aljyraňňylygyň garymyndan ybaratdy. Salmon özüne hüjüm eden esgeriň urgusyny serpikdirdi-de, onuň elinden ýaragyny urup düşürdi. Duşmany öldürip, ýene-de ýoluny dowam etdirdi.
Howa ýeňijileriň gylyçlaryndan gyrylýan kenganlylaryň gykylyklaryndan doludy.
— Rahaw! — diýip, ýumrulyp, öz ýaşaýjylaryny mynjyradan öýleriň ýanyndan ylgap geçip, Salmon gygyrdy. Ol niredekä? Onuň jaýynyň bir böleginiň köçä ýykylanyna seretmezden, bir bölegi henizem durdy. —
— Biz bärde!
Salmonyň sesini eşideninde, Rahawyň ýüregi titredi. Onuň jaýynyň gapysy ikä bölnüp, daşlar bilen doldurylan köçede ýatyrdy.
Salmon diwarda peýda bolan deşikden çykdy we Rahawyň otagyň ortasynda durandygyny, onuň arkasynda bolsa, ondan hem kän adam bardy. Ol ellerini gerip, maşgalasyny gorajak bolýan ýalydy. Onuň owadan ýüzi agarandy, emma gözleri bolsa, ýanyp durdy. Epraýym Salmonyň yzy bilen ylgap girdi.
Rahaw başyny egip, hormat goýdy.
— Biz size garaşdyk.
Gylyjyny goýberdi-de, Salmon öňe ädimledi we elini uzatdy.
— Ýör meniň bilen.
Rahawyň elinden tutanda, Salmon onuň barmaklarynyň sowukdygyny duýdy. Gowy üns berip, ol Rahawyň boýnunyň damarynyň güýçli urýandygyny gördi. Rahaw hakykatda özüni alyp barşy ýaly rahat däldi.
— Indi sen howpsuzlykda, Rahaw. Biz seni bu ýerden äkideris.
Salmon ony çykalga tarap äkitdi.
— Eger ýaşamak isleýän bolsaňyz, biziň yzymyza eýeriň! — diýip, Epraýym galanlara gygyrdy.
* * *
Özüni garyndaşlaryndan aýryp, ýaş ýigidiň yzyna düşürip äkideninde, Rahaw ýüzüniň gyzarandygyny duýdy. Ol yzyna seredip, garyndaşlaryna elini uzadanynda, kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň ählisiniň çagalary bilen Epraýymyň buýrugyna gulak asandyklaryny, Epraýymyň bolsa olaryň yzlarynda goragçy kimin bolup barýandygyny gördi.
Köçäniň beýleki tarapynda ot güwledi. Goňşularynyň jesetleri öýleriniň gapylarynyň agzynda ýatyrdy. Şäheriň merkezinden gykylyk sesleri eşidilýärdi. Rahaw arkasynda daşlaryň köçä gaçýandyklaryny eşitdi. Yzyna seredip, ol öz jaýynyň ýumrulandygyny gördi.
Salmon onuň elini goýberip, bilinden tutdy.
— Bärik, — diýip, ol Rahawy öňe itip aýtdy. — Çalt boluň, — diýip, yzyna seretdi we garyndaşlarynyň hem ylgap gelendiklerini gördi.
Beýlekilere-de kömek etjek bolup Salmon saklananda, Rahaw Abipe elini uzatdy. Çagajyk daşlara büdredi, emma Rahaw ony tutup ýetişdi. Abip Rahawdan berk ýapyşdy. Rahaw nirä seretse-de, hemme ýerde gan we ölüm bardy. Olar diwaryň ýumrulan ýerinden özlerine ýol tapdylar. Rahaw beýlekilere seretdi.
— Rahaw, howluk! — diýip, Salmon buýruk berdi. — Yzyňa seretme! Biz galanlaryň aladalaryny ederis. Indi bolsa ylga! Hurma agaçlarynyň aşagynda bize garaş.
Harabaçylyklardan çykyp, Rahaw öňe ylgady we tä hurma agaçlarynyň kölegelerine ýetýänçä saklanmady. Ol Abipi aýagyna galdyrdy-da, beýlekileri howlukdyrmaklyk üçin yzyna öwrüldi. Uludan demini alyp, ol harabaçylyklardan ylgap gelýän garyndaşlaryna gygyrdy. Maşgala goşlary bilen ýüklenen kakasy bilen doganlary haýal ylgaýardylar. Salmon bilen Epraýym gylyçlaryny ýalaňaçlap, gerek bolanda olary duşmanlardan gorarlary ýaly taýyndylar.
Ejesiniň ýüzi çal reňke boýaldy we Rahaw ony kölegede oturdyp, hurma agajyna söýedi. Beýsmat, Golan we Gera aglap, çagalaryny bagyrlaryna basdylar. Agri gözýaşlaryny süpürişdirip, yzyna — şähere seredýärdi. Rahaw bolsa onuň bakyşyna üns berdi.
Ýeriho edil gökden bir el gelip, ony ýer-ýogsan eden ýaly görünýärdi. Diwarlar we diňler edil düzlükde tertipsiz ýatan daşlaryň üşýmeleňine meňzeýärdi. Şäheriň üstünde oduň tüssesi göge galanda, gykylyklar henizem howany doldurýardy.
— Bärik, — diýip, Salmon Rahawyň elinden tutup aýtdy. Ol Rahawy Gilgatdaky ysraýyllylaryň düşelgesine alyp bardy.
* * *
Günüň ýaşanynda beýik söwda şäher — Ýeriho otda ýanýardy. Howa ajy ys bilen dolupdy, tüsse sütün bolup garaňkylap barýan asmana göterilýärdi. Oduň gyzyldyr mele reňkli dilleri daş harabalyklarynyň arasynda galan agaç böleklerini ýalaýardy. Rahawyň oturan ýerine ýanýan jesediň agyr goýy ysy geldi.
Rahaw sandyrap, dyzlaryny döşüne çekdi-de, olary elleri bilen gujaklady. Halas bolandygy üçin ol uly ýeňillenmäni duýup, gaty ýadapdy we tapdan düşüpdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde ony gaýgy basdy. Ol adamlaryň bary indi ölüdiler, çünki olar samsyk bolup, daşlary hem ýaradan Hudaýyň deregine adam eli bilen gurlan daşly diwarlara bil bagladylar. Olar hem edil Rahawyň özi ýaly Ol Hudaý hakda gürrüňler eşidipdiler. Näme üçin olar Oňa ynanmaklykdan boýun towladylar?
Söweşden soň ysraýyllylar dolanyp gelenlerinde, Salmon bilen Epraýym Rahaw bilen onuň maşgalasyny goraýardylar.
— Siziň adamlaryňyzyň hiç biri-de hiç hili olja getirmeýärler, — diýip, Müsür geň galyp aýtdy.
— Ýeriho näletlenen, — diýip, Epraýym jogap berdi.
Salmon hoşniýetlidi we ol anyk düşündirmäge taýyndy.
— Ýeşuganyň üsti bilen Hudaý biziň şäherdäkileriň baryny: erkekleri, aýallary, çagalary, ýaşlary hem garrylary; öküzleri, goýunlary we eşikleri öldürmekligimizi buýurdy. Otdan galjak altyndan, kümüşden, bürünçden we demirden edilen zatlar bolsa, Hudaýyň gaznasyna getiriljekdir. Biz özümiz üçin hiç zat almarys.
Rahaw kellesini dyzyna degirdi. Ol özüniň gözýaşlaryny Salmon bilen Epraýymyň görmeklerini islemedi. Olar oňa dogry düşünip bilmezler. Ýumrylan şäher üçin aglaýandyr ýa-da özleriniň beren wadalaryny ýerine ýetirenleri üçin nägilelik bilen aglaýandyr diýip oýlamaklary mümkin. Rahawyň ýüregi bu ýigitleriň öz beren wadalaryny ýerine ýetirmeklerine goldaw beren ýeriň we gögüň Hudaýyna minnetdarlykdan doludy. Rahawyň özi we onuň maşgalasynyň ähli agzalary diridiler we howpsuzlykdadylar.
Şonda-da Rahaw mundan uly zada garaşýardy. Hawa, mundan-da ulusyna.
Kimdir biri onuň egninden tutdy. Ol yzyna öwrüldü-de, özüne egilip duran dogany Ýogaby gördi.
— Saňa ynanmazlyk edenim üçin meni bagyşla, Rahaw.
— Meni-de bagyşla, — diýip, Müsür aýtdy. — Ýewreýleriň Hudaýy dogrudanam Gudratygüýçli Hudaýdyr. — Müsür öz aýaly bilen çagalaryny berk gujaklap oturdy.
Soňky ysraýyllylar Gilgata dolanyp geldiler.
— Bu ýerde siz howpsuzlykda bolarsyňyz, — diýip, Salmon olara aýtdy. Ol Rahawa tagzym etdi-de, ol ýerden aýryldy. Epraýym hem onuň yzy bilen gitdi.
Rahaw ýerinden turdy-da, olaryň keşpleri garaňkylykda gözden ýitýänçä olaryň yzlaryndan seredip galdy. Onuň arkasynda hiç kim hiç zat diýmedi. Ýigitler Ysraýylyň çadyrlarynyň aralarynda gözden ýitenlerinde, Rahaw gözlerini ýumup, özüni gaban lapykeçligi ýeňmäge synanyşdy.
Kakasynyň gyzynyň ýanyna gelip, onuň egninden tutup gujaklaýança kän wagt geçdi.
— Biziň barymyz ýeňillik bilen demimizi aldyk, gyzym. Seniň akyldarlygyň sebäpli biziň barymyz diri galandyrys.
Rahaw gahar bilen yza çekildi.
— Biziň barymyz Hudaýyň rehimi sebäpli diri galandyrys, — diýende, onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akdy.
— Elbetde.
Dogry sözler, emma ýürekden aýdylmadyk sözler. Rahaw gaýgy bilen başyny ýaýkady. Özüne ýakyn adamlaryň hiç biri-de onuň gaýgysyna düşünmeýärdi. Hatda şu wagt, ähli bolanlary eşidip görenlerinde-de, olar onuň ynamyny we ýürek isleglerini paýlaşmaýardylar. Onuň lapykeçligine-de düşünmeýärdiler. Rahaw ysraýyllylaryň biri bolmaklyga mynasypdy.
Hudaý ony ölümden halas etdi. Ol oňa we onuň maşgalasyna rehimdarlyk etdi. Emma bu Rahawyň Ol Hudaýyň öňünde durup biljekdigini aňlatmaýardy. Bu Rahawyň Onuň halkynyň arasynda orna eýe bolup biljekdigini aňlatmaýardy. Özi barada Rahaw ysraýyllylaryň ýüzlerinde bary-ýogy «ýeriholy jelep» diýlen ýazgyny görýärdi.
Rahawyň eginleri sandyraýardy we ol agy seslerini saklamak üçin eliniň aýasy bilen agzyny ýummaly boldy.
— Rahaw, sen ölenler barada aglaýaňmy?
— Ýok, — diýip, ol ýadawly jogap berdi.
Özüniň hakyky Hudaýyň yzyna eýermek arzuwynyň puja çykanlygy üçin Rahaw aglaýardy. Ol ysraýyllylarynyň düşelgesiniň daşyndady.
* * *
Şu gije Rahaw gowy uklap bilmedi we ol gaty ir turdy. Ol daňyň alagaraňkylygynda durup, ysraýyl düşelgesiniň ukudan oýanyşyna syn edýärdi. Gün doganynda bolsa, ol özlerine tarap gelýän üç adamy gördi. Birsalymlap Rahawyň ýüregi doňdy we beýlekileri turuzmaga howlukdy. Hemmeler çaltlyk bilen turdular-da, Rahawyň ýanynda durdular. Rahaw kakasynyň ýanynda durdy.
Ol bada-bat Salmon bilen Epraýymy tanady. Emma olar bilen bile mertebeli ýöräp gelýän bir ýaşuly hem bardy. Rahawyň özi we garyndaşlary gelenlere tagzym etdiler.
— Bu
Bu adam Rahawyň penjiresinden synlan adamydy, şonda ol gylyjyny gynyndan çykaryp duran esgere tagzym edipdi.
— Ýeriňizden turuň! — diýip, ýaşuly taýagyny ýere urup aýtdy. — Adama däl-de, Hudaýa tagzym edilmelidir.
Rahaw çalt ýerinden turdy-da, kakasynyň turmaklygyna hem kömek etdi. Ol kakasynyň titreýändigini duýdy. Bu geň galar ýaly hem däl, çünki Rahawyň özi hem serkerdäniň gözlerine seredende, kakasy kimin titräpdi. Rahaw hiç haçan-da şunuň ýaly gazaply ýüzi görmändi.
— Men Ýeşuga.
— Biz birnäçe ýyl mundan ozal hurma agaçlygynda duşuşypdyk, — diýip, kakasy aýtdy. — Men seniň dolanyp geljekdigiňi bilipdim.
— Sen meniň ýadymdasyň, Abyýasap.
Kakasy ýene-de başyny egdi.
— Maňa we maşgalama rehim edip, janlarymyzy diri galdyranyň üçin saňa minnetdarlyk bildirýärin.
— Ölümden sizi men däl-de, Hudaý halas etdi, — diýip, Ýeşuga aýtdy. — Emma indi siz nädip ýaşajakdygyňyzy çözmelisiňiz. Geljegiňiz barada oýlandyňyzmy?
— Biziň ýeke-täk islegimiz — diri galmaklykdyr.
— Siziň durmusyňyz özüňize berlendir, — diýip, Ýeşuga aýtdy. Ysraýyllylaryň hiç biri-de size zyýan ýetirmez. Siz nirä gitjek?
— Eger hemmesi seniň aýdyşyň ýaly bolsa, we biz öz ýolumyzy özümiz saýlap bilýän bolsak, — diýip, kakasy seresaplyk bilen teklip etdi, — onda biziň arkaýyn ýaşap, nanymyzy özümiziň gazanmagymyz üçin hurma agaçlygyna dolanmaklygymyza rugsat bermegiňi sorardym.
Rahaw gözlerini ýumdy, ýüregi bolsa, birsalymlap saklanypdy.
Ýeşuga ylalaşyp, kellesini aşak egdi.
— Sen gidip bilersiň Abyýasap, sen we seniň maşgalaň, goý, siziň bilen parahatlykda bolsun!
Kakasy gider we özüniň şundan başga hiç hili mümkinçili bolmaz öýdüp, Rahaw öňe çykdy.
— Men dolanmak islemeýärin!
Ähli gözler indi Rahawa gönükdirilendi. Kakasy bilen doganlary howsala bilen, ejesi bilen gyz jigileri bolsa, gorky bilen seredýärdiler.
Salmonyň gözleri ýalpyldady we ol Rahawyň adyndan gürlemäge taýyndy, emma Rahaw onda beýle tarapa öwrüldi. Özi bilen maşgalasyny halas etmeklige ant içdireni üçin Salmonyň nähili kyn ýagdaýa salandygyny göz öňüne getirip bilýärdi. Ol häzir onuň durmuşyny howp astyna salyp, masgaralanmagyna ýol berip bilmezdi. Galyberse-de, Rahaw adamyň güýjüne ynanmaýardy. Goý, Hudaýyň Özi oňa hökümdar bolsun. Eger Hudaý bürgüt bolup, Rahawyň özi bolsa, gaçalga gözläp ylgaýan syçan bolanda-da, hatda şonda-da gaçalganyň bu bürgüdiň güýçli ganatlary bolmaklygyny isleýärdi.
Ýeşuga Rahawy synlaýardy, emma onuň garaýşy pikirlerini aýan etmeýärdi.
— Sen — biziň içalylarymyzy gizlän jelep aýal bolan Rahawsyň.
— Men Rahaw.
— Hawa aýal, sen näme isleýärsiň?
Kakasy maşgalasy üçin karar kabul edipdi, emma Rahawyň ýeke-täk mümkinçiligi bardy we azajyk pursatlap bu mümkinçilik onuň özüniň elindedi.
— Gorkma, — diýip, Ýeşuga seslendi. — Aýdyber.
— Men Hudaýyň halkynyň arasynda ýaşamaklygy we bahasynyň näçe durýanlygyna seretmezden, Oňa degişli bolmaklygy isleýän.
Ýeşuga kellesini öwrüp, Salmona seretdi. Rahaw ysraýyllylara seredip, demini saklap durdy. Ýeşuga Rahawyň özi bilen bütin maşgalasyny hem jezalandyryp, bu ýükden azat bolmaklygy üm bilen Salmona buýruk berdimikä? Ol Rahawyň bu gabahat soragy üçin ýigidi günäkärleýärmikä? Rahaw onuň şeýle pikirlerini göz öňüne getiripdi:
— Eger men Hudaýa degişli halkyň bir bölegi bolup bilmesem, onda Ýerihodaky azaşan adamlar bilen şol ýerde ölenim gowudy!
Kakasy gyzynyň elinden tutup, berk gysdy.
— Sesiňi kes, gyzym. Halas bolanyň üçin minnetdar bol!
Rahaw elini çekip aýyrdy-da, ýene-de Ýeşuga ýüzlendi.
— Men halas bolanym üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýän, emma biziň saýlawumyzyň bardygyny siziň özüňiz aýtdyňyz. Men hem özümiň öňki durmuşyma dolanmazlygy çözdüm. Hudaýyň täze ýaradany bolarym ýaly, men hem durmuşymy täzeden başlamaklygy isleýän!
— Näme diýýänine onuň özi-de düşünýän däldir, — diýip, kakasy çalt aýtdy.
— Ol düşünýär, — diýip, Salmon garşy çykdy.
— Ol bary-ýogy aýaldyr, galyberse-de, samsyjak aýal, — diýip, Müsür aýdanda, onuň sesinde Rahawa bolan gahar we ony gürlemez ýaly etmeklik islegi açyk duýuldy.
Hemmeleriň sem bolmaklaryny buýrup, Ýeşuga elini galdyrdy.
— Hudaý siziň baryňyza Öz rehimini aýan etdi, — diýip, Ýeşuga aýtdy. — Emma bu aýala Ol rehimdarlygy çenden aşa beripdir. Abyýasap, sen diläniňi alarsyň. Maşgalaňy al-da, parahat öýüňe dolan. Isleýşiňiz ýaly hurma agaçlygynda ýaşaberiň. Duýdurýandyryn: Ýeriho näletlenendir. Ony dikeltjek bolmaga synanyşan diňe bir nowbahar oglunyň däl-de, eýsem kiçi oglunyň jany bilen hem tölejekdir.
— Meniň gyzym bilen näme bolar?
— Eger Rahaw galmak isleýän bolsa, onda ol galyp biler.
Ýeşuga bilen iki ysraýylly gidenlerinde, Rahawyň gözleri gözýaşlardan doldy. Ol gaýgy bilen başyny aşak sallady.
— Indi nähilidigini görýäňmi, — diýip, Müsür goşlaryny ýygnap başlan aýalyna aýtdy. — Olar özlerini bizden ýokary tutýarlar. Seniň ýaly aýalyň öz aralarynda ýaşamagyny olar islemeýärler.
Rahaw jogap bermedi, çünki onuň hakykaty aýdýandygyny bilýärdi. Rahaw özüniň gaýgysyny Müsüriň görmekligini islemedi.
— Rahaw, biz seniň üçin ýoluň ugrunda jaý gurarys, — diýip, Ýogap jogap berdi. — Sen girdejili iş başlap bilersiň…
— Men şu ýerde galaryn, — diýip, Rahaw jogap berdi.
— Kesir aýal! Akylly bol!
— Akylly? — Rahaw doganyna çiňerlip seretdi. — Seniň pikiriňçe, Öz halkyny goraýan Hudaýdan gitmeklik akyllymy?
— Ol biziň halkymyzy goramady! — diýip, Ýerihona tarap görkezdi-de, Müsür gygyrdy. — Sen henizem ýanan jesetleriň yslaryny duýup bilýänsiň.
— Meniň halkym ol ýerde, — diýip, Rahaw Gilgata tarap görkezdi.
— Meniň öýe gidesim gelýär, — diýip, ejesi aglady. — Agaçlyklardaky öýümize haçan dolanarkak?
— Sen ýene-de öz kiçijik agaçdan edilen butlaryňa dolanarsyňmy? — diýip, Rahaw sesiniň ajysy bilen sorady.
— Ýerihony ýumran Hudaý biziň üçin däl, — diýip, kakasy pähimli jogap berdi. — Biz diridiris we bu iň möhümidir.
— Ýok, kaka. Bizi halas edene hyzmat etmän, ýöne ýaşamaklyk ýeterli däldir.
— Seniň üçin belki ýeterlik däldir, — diýip, Müsür aýtdy, — biziň üçin bolsa, ýeterlisinden-de artykdyr.
— Onda gidiberiň!
— Gyzym, haýyş edýän, biziň bilen gidäý, — diýip, ejesi ýalbardy. — Eger galsaň, onda seniň bilen näme bolar? Ysraýyllylar hiç haçan-da özleri bilen ýaşamaklyga saňa rugsat bermezler.
— Ony gitmäge men mejbur ederin, — diýip, Müsür aýtdy-da, Rahawy tutjak boldy.
Rahaw onuň elinden gaçdy.
— Senden-de güýçli erkekler meni özlerine boýun egdirjek boldular! Synanyşybam oturma!
Ony gününe goýuň, — diýip, haltany arkasyna atdy-da, kakasy seslendi. — Oýlanmaklyk üçin oňa birnäçe gün bereris. Oňa aň dolanar.
— Size haçan aň dolanarka? — diýip, Rahaw gygyrdy. Hakykaty göreniňizden soňam, siz nädip gidip bilýärsiňiz?
— Nähili hakykaty? — diýip, Ýogap sorady.
—
— Bizi sen halas etdiň, Rahaw, — diýip, kakasy jogap berdi. — Biz hem saňa minnetdardyrys.
— Emma Hudaý baradaky gürrüňleri siz hem meniňki ýaly bilýärsiňiz. Özümiň eşidenimde, olaryň baryny size-de gürrüň bermedimmi ahyryn?
— Hawa, bu Hudaý beýik güýje eýedir.
—
— Mähribanym, beýle bolanda, hökman gitmelidiris. Beýle Hudaýdan daş durmalydyrys.
— Kaka, sen muny nädip etjeksiň? Ondan gaçyp, sen nirede gizlenip bilersiň?
Kakasy howsalaly göründi, emma öz diýeninden dänmedi.
— Ýeşuganyň bize rugsat berşi ýaly, biz hurma agaçlarynyň arasynda ýuwaşja ýaşabereris. Biz öz işlerimiz bilen meşgul bolup, olaryň işlerine garyşmarys. Şeýlelik bilen, biz Ysraýyl halky we Hudaýy bilen parahatlykda bolarys.
Rahaw başyny ýaýkady-da, ysraýyllylaryň düşelgesi bolan Gilgata tarap seretdi-de, aglady.
— Biziň bilen gidäý, — diýip, Agri aýtdy, — doganym, haýyş edýän. Sen bu ýerde ýeke bolarsyň.
— Men galaryn.
— Eger olar düşelgisini ýygnap, bu ýerden gitseler nädersiň?
— Men olaryň yzlary bilen giderin.
— Näme üçin?
— Çünki men borçludyryn. — Keýigiň akar suwalary küýseýşi ýaly, özüniň Hudaýy küýseýändigini ol nädip düşündirip bilerdi?
Ýuwaşja aglap, Agri Rahawyň kellesinden ogşady-da, yza çekildi.
* * *
Salmon Ýeşuga bilen düşelgäniň çetinde durdular.
— Ol garyndaşlary bilen gitmez diýip, men aýdypdym ahyryn!
— Ony üç günläp öz gününe goý. Özüniň saýlawy barada oýlanmaga wagt ber. Eger şondan soňam ol galaýsa, onda sen gidip, ony Ysraýylyň çadyrlaryna getirip bilersiň.
— Ol aýal we onuň ýeke özüdir. Ony goramalymy?
Ýeşuga ýylgyrdy:
— Ol bireýýäm gorag astyndadyr.
* * *
Özüniň ýekeliginiň dördünji gününiň daňynda Rahaw özüne ýakynlap gelýän adamy gördi. Bu Salmondy. Salmon ýylgyrman, oňa ýakynlaşdy we Rahaw onuň nähili ýowuz habar getirendigini aňjak boldy. Belki-de, Ýeşuga ony kowmaklyk üçin iberendir.
— Sen bu ýerde üç gün bolduň, — diýip, ol Rahawyň odunyň beýleki tarapynda saklandy.
— Mende saýlamaklyk hukugynyň bardygyny Ýeşuga maňa aýtdy we men şu ýerde galmaklygy çözdüm, — diýip, Rahaw ýanyp duran közleri agdaryşdyrdy. Diňe şu gün üçin çörek bişirer ýaly bugdaý galdy, ertir bolsa aç bolmaly bolar.
— Näçe wagtlap sen bu ýerde galmak isleýäň?
— Ysraýyl Gilgatda galýança.
— Biz tizden gideris.
— Onda menem giderin.
Salmon ýerinden turdy. Rahaw bolsa ol gitjekdir öýtdi.
— Men seni öz çadyryma eltip, öz donumda gizlärin.
Rahaw onuň teklibini eşidip gyzardy.
— Senmi? — diýip, ol elleri bilen ýüzüni ýapdy.
Salmon ýeňillik bilen ýüzüni çytdy.
— Sen razylaşmaýaňmy?
— Sen gaty ýaş!
Salmon ýylgyrdy.
— Men çaga däldirin.
Rahaw ajygyp güldi.
— Meniň ýaly aýala öýlenjekmi? Näme diýýäniňe sen düşünmeýärsiň. Sen üç gün mundan ozal Ýeşuganyň diýenini eşitmediňmi näme? Men Rahaw —
— Hawa, Hudaýyň oňa geljegi sowgat beren geçmişli aýaly.
— Beýle degişmäňi goý, — diýip, aglamajak bolup, Rahaw gaharly aýtdy. Eger ol durmuşy täzeden ýaşap bilse-di, onda ol köp zady üýtgederdi.
— Rahaw, men degişýän däldirin.
Salmon otdan aýlanyp geçdi. Rahawyň elinden tutup, aýagyna galdyrdy.
— Näme üçin biz Epraýym bilen Ýerihona barandyrys öýdýäň?
— Şähere syn etmek üçin.
— Bize şeýle diýdiler.
— Siz şeýle
— Biz şeýle oýlandyk, emma saňa duşanymdan soň käbir zatlara düşünmäge synanyşýan.
Rahawyň gözleri iň owadan we mähirli gözlerdi.
— Sen nämä düşünmek isleýäň?
Salmon mähir bilen onuň ýaňaklaryna galtaşanda, Rahawyň ýüregi dürküldäp urup başlady.
— Eger Hudaý seni tapmak üçin bizi iberen bolsa nätjek?
— Meniň ýaly biderek aýaly Hudaý näme üçin halas etsin?
— Nirede bolýandyklaryna seretmezden, hatda olar butparaz şäheriň diwarlarynyň içinde bolanlarynda-da, Hudaý Öz adamlaryny bilýändir. Ol
Rahaw başyny çaýkap, ondan daşlaşdy. Bu pikiriň özüne näçe ýaraýandygyna seretmezden, Rahawdan hiç zat bolmaz.
— Hudaýyň meniň Halasgärimdigini men bilýärin. Şeýle-de, Hudaýyň ähli zadyň Hökümdarylygyny we meniň durmuşymyň hem Hojaýynydygyny bilýärin.
— Onda Onuň saňa hödürleýän patasyny al, — diýip, Salmon ýylgyryp, elini ýüreginiň üstüne goýdy. — Ýaş äriňi kabul et.
Rahaw şatlyksyz güldi.
— Ýaş we hyjuwly, — diýip, Rahaw onuň elinden boşady-da, ters öwrüldi. — Bir-iki gün pikirlen we meniň «ýok» diýenim üçin şat bolarsyň.
— Men saňa duşan günüm baryny çözdüm.
Rahaw gaşlaryny galdyryp, oňa ünsli seredýärdi.
— Bä, çynyňmy? — şeýle biderek jogaby Rahaw näçe kän eşidipdi! Ýerihonyň patyşasy hem bir zamanlar hut şeýle diýipdi. — Onda haçan sen baryna düşündiň, Salmon? Penjirämden uzalyp, utançsyzlyk bilen sizi çagyranymdamy? — Rahaw saçlaryny elledi. — Ýa-da meniň şemalda ýelpildeýän gara saçlarym seniň ýüregiňde ot ýakdymy? — diýip, onsoň Rahaw boýnyny sypalady. — Ýa-da meniň beýleki özüneçekiji häsiýetlerimmi? — diýende, onuň barmaklary köýneginiň ýakasynyň uly açylan ýerlerindedi.
Salmon onuň gözlerine göni seretmegini dowam etdirdi.
— Seni ilkinji gezek Ýerihonyň diwarlarynyň penjiresinde görenimde, men jelebi gördüm. Kesir. Utançsyz. Emma seniň öýüňe girenimde we biziň bilen gürleşeniňde men hakyky seni — akylly, öwgä mynasyp bolan aýaly gördüm.
— Eý, Salmon… — diýip, Rahaw ýene-de yzyna öwrüljek bolanda, Salmon ony berk tutup, ýüzüni özüne tarap öwürdi.
— Seniň Hudaýa bolan ynamyňy yglan eden pursadyňdan başlap, men seni söýdüm.
— Söýdüň?
— Hawa,
—
Salmon ýene-de ýylgyrdy.
— Saňa heniz köp zatlary öwretmeli, köp zady sen bilmeýärsiň. Biziň halkymyzyň taryhy, Kanun, Hudaýyň wadalary… — diýip, Salmon mähir bilen onuň ýüzüni sypalady. — Meniň aýalym bol we men saňa öwrederin.
— Seniň maşgalaň näme diýer?
— Şeýle aýaly saýlanym üçin akylly hereket edendigimi aýdarlar. Kalep bireýýäm razylygyny berdi.
— Kalep kim?
— Ol biziň tirämiziň — Ýahuda tiresiniň serkerdesi. Kyrk ýyl mundan ozal Musa içalylary Kengana iberende, ol Ýeşuga bilendi. Meniň kakamyň döwürdeşlerinden diňe Kalep bilen Ýeşuga diri galdylar. Kalebi gaty hormatlaýarlar, — diýip aýtdy-da, Salmon Rahawyň saçlaryny elledi. — Onuň özi saňa öýlenmek isledi, emma onuň üçin bir aýalyň hem artykdygyny men oňa aýtdym.
Rahaw Hudaýyň rehimine haýran galyp, gözýaşlaryny ýuwutdy. Ilki Ol ony halas etdi, indi bolsa, Ol oňa Özüniň wepaly adamysyny är edip berýärdi. Salmon onuň
— Sen meniň garaşan aýalymsyň, — diýip, Salmon ýuwaş aýtdy. — Meniň bilen ýör.
Rahaw elini galdyryp, özüniň rahatlanmalydygy barada aýtjak boldy. Bokurdagynyň dolandygy üçin ol ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Salmon gorkup, ýüzüni çytdy. Rahaw özüniň bir zatlar diýmelidigine ýa-da öz çözgüdini aýtmalydygyna düşünýärdi. Salmondan yza çekildi-de, Rahaw dyzyna çöküp, ody toprak bilen gömdi. Goşlaryny bir bukja ýygnap, ýerinden turdy, gözlerinden bolsa şatlyk gözýaşlary akýardy.
Salmon ýylgyrdy-da, Rahawa ýakynlaşyp, onuň gözýaşlaryny süpürişdirdi. Eger Rahaw onuň söýgüsi baradaky sözlerine öňräk şübhelenen hem bolsa, indi hiç hili şübhe galmady, çünki Salmonyň gözleri edil uzak wagtlap garaşan arzuwynyň ýerine ýeten adamyň gözleri ýaly ýalpyldaýardy.
Salmon Rahawyň goşlaryny alyp, onuň elinden tutdy-da, çadyryna äkitdi.
Soňlama
Rahaw bilen Salmondan Boaz doguldy.
Boaz Obediň atasydy;
Obed Ýessäniň atasydy;
Ýesseý — Dawud şanyň atasydy.
Ýahuda tiresinden bolan Dawut patyşadan bolsa,
wada berlen Halasgär,
biziň Halasgärimiz we Rebbimiz — Isa Mesih doguldy.
RUT
Ýan bermezek
Wakanyň bolup geçen ýeri we wagty
RUT 1:1–4
Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe, açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtlaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen, Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler. Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtlaham galasyndan, efrata tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar. Adamsy Elimelek aradan çykyp, Nagomy özüniň iki ogly bilen galdy. Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşady.
Birinji bap
Rut Kirhareşetiň dar we adamlardan doly köçeleri boýunça aşak düşýärdi. Onuň ýüregi ynjaýardy. Onuň söýgüli äri Mahlon geçen ýylky agyr keseli zerarly ölüm ýassygynda ýatyrdy. Rut ýüregindäki gaýgy we gorky bilen göreşmäge synanyşýardy. Mahlonsyz ol näme ederkä? Rut söýgüli adamy bilen bagtly durmuş gurup, oňa birnäçe çaga dogrup berip, onuň bilen bilelikde garramak barada arzuw edipdi ahyryn. Indi bolsa, ol öz äriniň keselini görüp, gaty gynanýardy. Äriniň adyny göterjek çagalarynyň bolmajakdygy hakda Rut gamgynlanýardy.
Täze aýyň dogan çagydy we Rutuň ejesi her aýkysy ýaly gyzynyň gelmekligine garaşýardy. Olar çaý içip, atasynyň saçagynyň başynda näz-nygmatlar iýip, maşgala barada gürrüň ederler. Şu pursatda bolsa Rut ejesiniňkä gitmäge gorkýardy. Ol ähli betbagtçylyklaryny hiç-de kellesinden çykaryp bilmeýärdi. Özüniň gaýgylary babatda ejesiniň pikirini-de bilesi gelmeýärdi.
Betbagt Nagomy! Rutuň gaýyn enesi ýene bir belany nädip başyndan geçirer? On bäş ýyl mundan ozal ol adamsy Elimelegi ýitiripdi, geçen bahar bolsa onuň kiçi ogly Kilýon aradan çykypdy. Nagomy Ysraýylyň Hudaýyna bolan öz ynamynda rahatlanma taparmyka ýa-da özüniň soňky oglunyň ölüminiň agyrysy astynda ahyrynda tapdan düşermikä?
Nagomy hakyky Hudaý hakda Ruta gürrüň berende, Rut Oňa ynanypdy, çünki ol özüniň gaýyn enesiniň ýüregindäki rahatlygy görüpdi. Bu rahatlyk oňa her bir betbagtçylyklarda-da ruhdan düşmezlige kömek ederdi. Rutda soraglar ýüze çykanda, ol gaýyn enesi bilen Hudaý hakda kän gürrüň ederdiler. Nagomynyň ähli nesihatlary hemişe-de şeýle bolardy: Hudaýa ynanyp, Oňa gulak asmalydyr we Onuň erkini kabul etmelidir, çünki sen düşünmeseň-de, ähli bolup geçýän zatlaryň anyk bir maksady bardyr. Emma käwagtlar agyry çydardan artyk ýaly bolup görünýärdi.
Rut gorkdy.
Gelnejesi Orpa ýaly Rut hem gynalmazmyka? Geçen ýyl adamsy aradan çykanda, Orpa nalyş edip, hiç zat iýmän, eýläk-beýläk entäpdi. Nagomy bilen Rut bireýýäm onuň saglygy hakda gaýga batypdylar.
Kakasynyň öýüne ýakynlanda, Rut uludan demini alyp, eginlerini düzedişdirdi-de, gapyny kakdy. Hyzmatkär gapyny açyp, ony ýylgyrma bilen garşy aldy.
— Rut! Giräý, — diýip, ol gyzy garşylady we sabyrsyzlyk bilen elini bulaýlady:
— Girsene.
Kakasynyň baý jaýynda bolup, ony öz äriniň kiçijik öýi bilen deňeşdirmezlik synagyna düşmezlik gaty kyndy. Bu ýerde gözüň düşen za baýlyk hakda güwälik edýärdi: owadan küýzelere, halylara, dürli reňkli perdelere, piliň süňkünden edilen oturgyçlardyr stollara göz aýlaman bolmaýardy. Rut şu öýde ulalypdy we onuň üçin kakasynyň baýlyklary geň zat däldir. Onsoň Rut bir ýaş ýewreý söwdagär ýigide aşyk bolup, oňa durmuşa çykypdy, emma ol maşgalasyny uly zähmet bilen saklap, öz çöregini gazanýardy.
Rutuň kakasy bilen ejesi özleriniň emläklerine guwanýardylar, emma Nagomy bilen ýaşap, Rut öz ata-enesiniň ruhy açdyklaryna düşünipdi. Nagomynyň baýlygyň Rutuň ulanýan maddy baýlyklaryna hiç hili gatnaşygy ýokdy.
— Wah, meniň owadanja gyzym.
Ejesi otaga girip, Ruty gujaklady we ogşady.
— Otur, meniň mähribanym.
Onsoň ellerini çarpyp, hyzmatkär-gyza buýruk berdi-de, ýumşak bolan gyzylymtyl-gök ýassyklaryň biriniň üstünde otutdy.
— Sen hiç bir täzelik görmeýäňmi?
Rut daş-töweregine seredişdirdi. Ejesi nämäni göz öňünde tutduka: täze stolmy ýa-da täze çyralar, belki-de, täze halydyr? Ejesine ýene-de seredende, Rut onuň boýnundaky altyn zynjyry barmaklary bilen oýnap durandygyny gördi.
— Sen bu barada näme pikir edýäň? Owadan, şeýle dälmi? Bu seniň kakaň maňa sowgady. Bu Müsürdendir.
— Ol hemişe-de eli açyk adamdy, — diýip, Rut ýene-de pikirinde Mahlona ýüzlendi. Ol özüni Rutuň biraz wagtlap taşlap, ejesiniň ýanyna baryp gelmegini isläpdi. Rut ejesiniňkide bolanynda bolsa, Mahlonyň ýanynda Nagomy oturar.
Hyzmatkär ir-iýmişler, çörek, bir küýze şerap we iki käse bilen otaga girdi. Ikinji hyzmatkär bolsa, gowrulan däneli we goýun etli jamlary saçakda goýdy. Oňat bişirilen naharyň ysyndan Rut durup bilmedi we ejesiniň hem nygtamagyna seretmezden, Rut nahara elini uzatmady. Mahlonyň şeýle kesel bolup, hiç zat agzyna almanynda, nädip Rut arkaýyn iýip biler? Gaýyn enesinde çörekden, zeýtun ýagyndan we turşy şerapdan başga iýere zady bolmanynda, Rut nädip öňündäki saçakda goýlan näz-nygmatlardan dadyp bilsin?
— Rut, sen güýje girmelisiň, — diýip, ejesi ýuwaşja aýtdy. — Sen gaty horsuň.
— Ejejan, belki biraz soňrak iýerin.
— Düýn bazarda men Orpanyň ejesi bilen gürleşdim. Mümkin bolanlaryň bary edildimi?
Jogap bermäge özünde güýç tapman, Rut başyny yrady. Nagomy bolsa hemişe-de umyt bardyr diýip tassyklap, dileg etmegini dowam etdirýärdi. Dileg etmeklik olar üçin adat bolupdy.
— Wah, meniň mähribanym. Seniň şeýle kynçylyklardan geçmelidigiň üçin men gaty gynanýan we aladalanýan, — diýip, ejesi gyzyna ýakynlaşyp, ony gujaklady. Biraz wagtlap ol sesini çykarmady.
— Adamyň aradan çykanyndan soň sen näme edersiň?
Beýle göni we gödek sorag zerarly Rutuň gözleri gözýaşdan doldy.
— Men ah çekerin. Nagomyny köşeşdirerin. Ýene näme — bilmeýärin. Men häzir bu barada oýlanmaýaryn.
— Emma sen oýlanmalysyň.
— Ejejan, — diýip, Rut garşy bolup aýtdy we elleri bilen ýüzüni ýapyp, aglamaga başlady.
Emma ejesi sözüni dowam etdirdi.
— Seni ýene-de beter gaýgylandyrmajak bolup, men bu barada henize çenli soramadym. Mahlony nähili söýýändigiňi men bilýärin. Eger kakaň seni güýçli söýýän bolmasady, onda ol seniň Kasyma durmuşa çykmaklygyňy talap ederdi we sen häzir beýle kynçylyk çekmezdiň. Kakaň seniň şuny bilmegiňi isleýär: biz şatlyk bilen seni kabul ederis. Şu ýerde, meniň ýanymda azajyk bolanyňda-da, muňa nädip şatdygymy sen bilýärsiň. Eger Mahlon aradan çykaýsa, onda sen Nagomy bilen galmaly dälsiň. Biziň özümize dolan.
Rut ellerini dyzyna sallady-da, gözýaşlar arkaly ejesine seretdi.
— Nagomynyň ähli başdan geçirenlerini bilibem, men nädip ony taşlap bilerin? Ärimiň maşgalasynyň alnynda meniň borjum bardyr. Sen muny bilýärsiň.
— Bize dolanmaklygyňy maslahat berjekleriň birinjisi Nagomy bolar. Özüniň soňky oglunyň ölüminden soň ol şu ýerde galar öýdýäňmi? Ol öýüne, öz halkyna dolanar.
Bu sözler edil ýiti haýza kimin Rutuň ýüregine uruldy. Ejesi edil bireýýäm Mahlon ölen ýaly edip gepleýärdi, Nagomy barada bolsa, ýatlamagyň geregi-de ýok.
— Men gitmelidirin.
Rut ýerinden turdy.
Ejesi onuň elinden ýapyşdy.
— Ýok, haýyş edýän, meni diňle. Nagomynyň adamsy öz meýli bilen biziň däplerimizi kabul edip, biziň birimiz ýaly bolupdy, seniň gaýyn eneň bolsa hemişe-de çetde durardy. Ol hiç haçan-da biziň ybadathanalarymyza barman, hudaýlarymyzyň hiç birlerine ýekeje-de gurbanlyk getirmedi. Belki-de, hut şonuň üçin hem ol kynçylyk çekýändir. Biziň hudaýlarymyz oňa gaharlanýandyrlar.
— Onuň öz Hudaýy bar.
— Wiý, hawa. Ol Hudaýyň nämesi gowuka? Ol Hudaý oňa garyplyk bilen betbagtçylykdan başga näme berdi? — diýip, ejesi ellerini bulaýlady. — Gyzym, töweregiňe göz aýla. Seret, Mowabyň hudaýlary bizi nädip ýalkaýarlar.
— Ejejan, ýöne siz kakam bilen hiç haçan-da kanagatlanmaýarsyňyz.
Ejesiniň gözleri garaldy.
— Men kanagatlydyryn.
— Onda näme üçin siz ýene-de mundan hem atrygyny isleýärsiňiz? Nagomy üçin bolsa, maddy baýlygyň hiç hili manysy ýokdur.
Ejesi gahar bilen gyzynyň elini goýberdi.
— Elbetde, manysy bolmaz. Oňa eýe bolmadyk adam üçin nädip baýlygyň manysy bolup biler?
— Ejejan, sen düşünýän dälsiň.
— Onuň Hudaýyna ynanmaklygyň üçin öz halkyň hudaýlaryndan seniň ýüz öwrendigiňe men düşünýärin. Rut, öz hudaýlaryňa dolan. Bu matam öýüni taşla-da, biziň ýanymyza dolan.
Öz ata-enesiniň öýüne dolanmaly? Nämä dolanmaly? Onuň ejesi bilen kakasy hemişe nägilediler. Kakasy näçe baýlyk toplasa, şonda-da ýene isleýärdi. Onuň işdäsi gitdigiçe artýardy. Hiç zat hem ony kanagatlandyrmaýardy. Ejesine bolsa, birnäçe günden bu altyn zynjyr ýaramaz we magtanar ýaly ýene-de bir täze zat gerek bolar.
Nagomy diňe Ysraýylyň Hudaýy bilen magtanardy. Oňa dilegler bilen ýüzlenip, ol özüni gurşan aladalaryň içinde hem rahatlyga eýe bolardy.
Rut möňňürip aglamaga başlady.
— Ahyryna çenli seniň Mahlon bilen galmalydygyňy biz bilýäris. Nagomyny köşeşdirmeklik üçin birnäçe hepdeläp onuň ýanynda bolmaklygy isleýändigiňe hem düşünýäris. Emma onsoň bize dolan, mähribanym. Kakaň öýüne dolan, bu ýerde seniň durmuşyň gaty ýeňil bolar. Her kes saňa düşüner. Nagomy seni söýýär. Ol hem edil biz ýaly seniň üçin oňat niýetdedir. Mätäçlikde ýaşamaklygyň zerurlygy ýokdur. Sen ýaş we owadansyň. Seniň geljegiň bardyr.
Emma Rut özüniň söýgüli adamysyz we öz ýüregini açan gaýyn enesisiz durmuşy göz öňüne getirip bilmeýärdi. Bary-ýogy birnäçe hepde Nagomy bilen bolup, Rut nädip onuň öňündäki öz borjuny ýerine ýetirip biler? Borç — bu olary baglanyşdyrýan ýeke zat däldi. Söýgi hem bardy. Diňe bir bir-birlerine bolan söýgi däl-de, eýsem özleriniň ynanýan Hudaýlaryna bolan söýgüdir.
— Men Nagomyny taşlap bilmerin.
— Emma seniň hususy maşgalaň hem bardyr? Kakaň näme? Men? Rut, öýe dolan. Haýyş edýän, bize dolanaý! Seniň beýle garyplykda ýaşaýandygyňa men seredip bilerinmi? Şol bir wagtyň özünde biz bolsa…
Ata-enesine we gaýyn enesi bilen Orpa bolan söýgüniň arasynda ýüreginiň ikä bölünýändigini Rut duýdy. Eger Mahlon aradan çykaýsa, onda Rut Nagomy bilen gelnejesinden ýüz öwrüp bilermikä? Öňki durmuşyna dolanyp, özüniň indi ynanmadyk hudaýlaryna — esejedir kakasynyň hudaýlaryny aňladýan but-şekillere tagzym edip bilermikä? Özüni Nagomy bilen baglanyşdyrýan zat — ýöne garyndaşlyk baglanyşygyndan gaty çuňňurdy. Rut öz gaýyn enesiniň görünmeýän Hudaýa bolan ynamyny kabul edipdi. Ol bireýýäm ejesi bilen kakasyna özüniň täze ynamy hakda gürrüň beripdi we jogap edip olardan diňe gülküni eşidipdi.
— Ejejan, kakama durmuşa çykanyňda, onuň maşgalasynyň seniň hem maşgalaň bolşy ýaly, Mahlon, Nagomy we Orpa hem meniň maşgalamdyr.
Ejesiniň ýüzi ýygryldy we gözlerinden gözýaşlar akdy. Rut ony gujaklady.
— Ejejan, seni söýýändigimi sen bilýärsiň. Men hemişe-de seni söýerin. Emma men adalatly bolmalydyryn.
— Bu adalatly däldir! Sen ýöne öz durmuşyňy betbagt edersiň!
Rut özüne ejesiniň düşünjek däldigini gördi. Rutuň durmuşynda bar zat özgerdi we indi hiç haçan-da özüniň çaga bolup, kakasynyň öýünde ýaşanyndakylaryň hiç biri-de gaýtalanmaz. Indi ol aýaldyr, onuň äri, gaýyn enesi we olaryň öňündäki kesgitli borçlary bardyr. Rutuň durmuşy indi özüne degişli däldir. Eger özüne degişli bolaýanynda-da, ol başga çözgüt kabul edermidi?
Rut ejesine dogrusyny aýtmalydy. Ejesine ýalan umytlary galdyrmaklyk Rut üçin adalatsyz bolar.
— Ejejan, men Nagomyny ýeke galdyrmaryn. Sende kakam bar. Sende doganlarym aýallary bilen, jigilerim maşgalalary bilen bardyr. Eger Mahlon aradan çykaýsa, onda Nagomy kim bilen galar?
— Onuň bilen Orpa bolar, — diýip, ejesi dogumly aýtdy. — Goý, ol Nagomy bilen galsyn.
Orpa Ysraýylyň Hudaýyna ynanmaýardy. Ol henize çenli butlara çökunyp, Aştarat hudaýyna gurbanlyk berýärdi.
— Orpa oňat aýal, ol gaýyn enesini söýýändir, emma ol onuň ynamyny paýlaşýan däldir.
Ejesiniň gözleri gahardan garaldy.
— Ähli bolan zatlardan soňam näme üçin sen bu görünmeýän Hudaýa bolan ynamyňy nygtaýaň? Bu betbagt maşgala üçin seniň öz durmuşyňy gurban etmekligiň adalatly däldir! Eger Nagomy gitmekligi ýüregine düwen bolsa, onda,
Haýsy hudaýyň ady üçin beýik buthanalaryň gurlup, ýadaman hytmatlaryň edilişi hakda Rut ýene-de jedeli başlamak islemedi. Ol ejesinden çekildi-de, ýerinden turdy.
— Mahlon maňa mätäçdir. Men gitmeli.
Ejesi gyzy bilen bile turdy-da, agysy bilen gapa çenli onuň yzyndan ýöredi.
— Rut, haýyş edýän, etjek işiň barada oňatja oýlan. Senden haýyş edýän! Öz durmuşyňy ýakma!
Rutuň ýüreginde dürli duýgular göreşýärdi. Söýgi… rehimi gelmeklik… gaharlanma… çekinmeklik. Onsoň ol yzyna aýlandy-da, ejesini gujaklady.
— Men seni söýýän, — diýip, ol titreýän sesi bilen ejesine aýtdy. — Kakamy söýýändigimi oňa aýt.
Rut ejesini goýberdi-de, howlukmaçlyk bilen öýden çykdy.
Şäheriň dar köçelerinden çaltlyk bilen ýöräp gözýaşlaryny hiç kimiň görmezligi üçin ol ýüzüni örtdi.
* * *
Gün ýaşyp, ýyldyzlardyr aýyň peýda bolmaklygy bilen ýatlamalaryň direleninde, gaýgy has-da ýiti bolýandyr. Kirhareşetiň köçeleri boşapdy, hemmeler öýli-öýlerine dagap, uklap ýatyrdylar, Nagomynyň kellesinde bolsa, pikirler şuwwuldamagyny dowam etdirýärdi. Ol özüniň kiçijik öýüniň sowuk diwarlaryna arka berip oturdy. Bary-ýogy birnäçe ädim aralykda özüniň söýgüli gelinleriniň uklaýandyklaryna seretmezden, ol özüni ýeke duýýardy. Betbagtçylyk olary güýçden düşüripdi. Olaryň ahlisi-de öz ärlerini ýitiripdiler, ilki Orpa, onsoňam Rut. Emma olar hiç haçan hem mundan-da uly betbagtçylygy — çagalarynyň ýitirilmegini görmändiler, çünki olaryň çagalary bolmandy.
Garaňkydy. Öz ýany bilen gorkulary we şübheleri getirip, gije Nagomyny tümlük bilen örtüpdi. Ol Hudaýa ýüzlenmäge synanyşdy, emma onuň pyşyrdy bilen aýdýan sözleri jaýyň üçeginden ýokary galman, edil aýagynyň astyna düşýän ýalydy. Ol pikirlenip başlady. Haçan bolsa-da bir wagt Hudaý onuň dileglerini eşitdimikä? Onuň haýyşlaryna gulak goýdumyka?
Ynamyny ýok etmäge taýyn bolan çekirtgeler sürüsi ýaly şübheler Nagomyny eýeledi. Ol elleri bilen gulaklaryny ýapyp, dişlerini gyjatdy. Näme üçin şeýle gijeler barka? Käwagtlar asudalyk aralaşýardy we ol öz damarlarynda akýan ganyň akyşyny eşidip bilýärdi. Oňa bu ses edil akymlarynyň öz aklynyň gapylaryny açyp, ony ýatdan çykaryljak ýatlamalardan doldurýan siliň sesine meňzeýärdi.
Otag aradan çykan äriniň seslerinden dolduryldy.
— Saňa ýarap, ýaramaýandygyna seretmezden, biz Mowaba gideris. Ol ýerde açlyk ýokdur.
— Emma, Elimelek, biz Beýtlahamdan gitmeli däldiris. Bu biziň öýümiz.
— Biziň öýümiz küle öwrülýändir!
— Eger biz Hudaý ynanyp, Oňa boýun bolsak, onda Ol bizi idär.
— Sen näme, kör bolduňmy? Töweregiňe göz aýla, aýal. Hudaý bizden ýüz dönderdi!
— Çünki sen we beýlekiler bagala sejde edýärsiňiz!
— Bagalyň bu ýurduň hudaýy bolany üçin men oňa sejde edýändirin!
— Taňrynyň Hudaýdygyny we Ondan başga hudaýlaryň ýokdugyny Musa atalarymyza aýdypdy!
— Onda soňky döwürlerde Hudaý biziň üçin näme gowulyk etdi? — diýip, Elimelek soramagyny dowam etdirdi. — Biziň ýerimizde soňky gezek ýagyş ýaganyndan eýýäm näçe wagt geçdi? Biziň hasylymyzyň iýmegimizden artanyna näçe wagt boldy?
— Ärim, sen biraz oýlan. Açlygymyzdan ölmezimiz ýaly ýeterligini Hudaý bize berdi.
— Seni diňlemekden men halys ýadadym! Barymyz barada meniň ýeke özüm aladalanýaryn. Bu daşly ýerde dere batyp işläp, hasylymyň ölýändigini meniň ýeke özüm görýändirin! Hudaý alada edýär diýip maňa aýtma! Meniň ellerime seret! Meniň ellerimiň çişlerine seret-de, ogullarymyz barada Hudaý alada edýär diýip aýdaý! Hudaý çetde durup, meniň zähmetimiň küle öwrülişine syn edýär. Ol bizi taşlady! Sen bolsa bary-ýogy aýalsyň. Bular barada sen nämä düşünýäň? Özümiň dogry hasaplaýşym ýaly-da hereket ederin.
Şol günüň özünde Elimelek kakasyndan miras alan ýerini satdy. Öýüne gelip, ol bar goşlaryny iki eşege ýükledi-de, Nagomyny, ogullary Mahlon bilen Kiýlony alyp, Beýtlahamdan gitdi. Nagomynyň diňe öz dostlarydyr we öýünde galan birnäçe garyndaşlary bilen hoşlaşmaga wagty galdy. Özüniň çözgüdiniň dogrudygyna Elimelek gaty ynamlydy! Haýsy bir erkek dawaçyl aýalyň hemişeki hüňňürdisini eşidesi geler? Nagomy hem özüniň etmelisi ýaly hereket edip başlady: öz şübheleri hakda sesini çykarman, Hudaýa dileg edýärdi.
Irden turup, ol dileg edýärdi. Gündiz iş başynda-da ol Hudaýa ýüzlenýärdi. Agşamdan soň ýatanynda-da ol dileg edýärdi. Ol dileg edip, dileg edip, dileg edip, öz durmuşynyň küle öwrülýändigine syn edýärdi.
Elimelek Mowapdaky Kirhareşetde iş tapypdy. Ol ýaşaýşyny ýeňilleşdirmek üçin saçlaryny we sakgalyny syryp, mowaplaryň geýimlerini geýnipdi. Onuň bilen bile beýleki ysraýyllylar hem Mowaba gelip, Kirhareşetde mesgen tutupdylar. Olar hem wada berlen ýerdäki açlykdan gaçyp, şu ýere gelip, tiz wagtyň içinde Musanyň kanunlaryny we Hudaýyň wadalaryny ýatlaryndan çykaryp, ýerli halkyň däplerini kabul edipdiler.
Tomusda Elimelek aradan çykypdy.
— Men ýöne dynç almalydyryn.
Ol öýüne dolanyp, döşünde bir agyra zeýrenipdi.
— Daňdan men sagalaryn.
Ol hut şu wagt Nagomynyň oturan ýerinde oturypdy we agyry zerarly ýüzüni çytyp, ellerini owkalaýardy.
— Nagomy?
Elimelek sakyndy. Nagomy äriniň öňünde dyza çökdi.
— Näme boldy, mähribanym?
Ol äriniň elinden tutup, ony köşeşdirmäge synanyşdy.
— Nagomy, — diýip, ol maňlaýyndaky derleri süpürişdirip aýtdy. — Men özümiň dogry hasaplanymy etdim.
Adamsynyň dodaklary gögeripdi. Nagomy ärini köşeşdirmegini dowam etdirip, ony gujaklady. Emma hiç zat hem onuň agyrysyny ýeňilleşdirmeýärdi.
Hatda şu wagt, on bäş ýyldan soň hem Nagomynyň ýüreginde şol öňki agyry direlýärdi. Geçen ýylky Kilýonyň ölüminiň bu agyryny ýitileşdireni ýaly, indi bolsa, Mahlonyň hem biwagt ölümi muny çydardan beter edýärdi. Bu agyrydan gaçyp bolmaz, ondan gizlenip hem bolmaz, onuň mundan beýläk oýanmazy ýaly ony ýüregiň töründe gizläp hem bolmaz. Nagomy baryna, esasanda, jogap almadyk özüniň dileglerine anyk düşünýärdi. Ärini almazlygy barada Nagomy Hudaýa gujur bilen dileg edipdi. Hatda adamsynyň gözlerinde ýaşaýşyň sönendigini görende-de, dileg etmegini bes etdirmändi. Ol rehim hakda dileg edip, ahyrynda ölümiň öz ärini alandygyny gördi.
Ogullary atalaryny mowaplylaryň arasynda jaýladylar. Elimelegiň ýokdugyna ilki-ilkiler Nagomy hiç ynanyp bilmeýärdi. Häziriň özünde onuň gijäniň belasyndan oýanyp, öňküleri ýaly zeýrenýän halda öz ýanynda oturjakdygyna Nagomy umyt edýärdi. Indi hiç haçan-da ärini görmejekdigini aňanynda, Nagomyny gahar eýeledi. Emma bu-da geçdi. Gündelik çöregi gazanmaklyga ogullaryna kömek etmeklik bilen Nagomy başagaýdy.
Elimelegiň ölüminden on bäş ýyl geçipdi, emma şu wagta çenli hem başyndan geçiren belanyň agyry birden ony ker edýärdi. Bu agyry äriniň ölünimiň ilkinji günleri ýaly däldi, emma ol heniz dolulygyna geçmändi. Adamsyny ýitirenindäkisi ýaly güýçli gaýgylar bolup bilmez diýip Nagomy oýlapdy. Emma ol tä ogullarynyň hem aradan çykanlaryna deňeç şeýle pikir edipdi. Indi Nagomy bütinleý hasratdyr gaýgylar deňzine batypdy.
Indi ol hatda dileg hem edip bilmeýärdi. Öňler onda umydyň şöhlejigi bardy we ol hemişe Hudaýyň bardygyny duýýardy. Indi bolsa, özi üçin Hudaý edil elýetmez ýaly we Onuň rehimi bolsa, Nagomy üçin däl ýaly bolup görünýärdi. Onuň ähli dilegleri edil ýele sowrulan tüsse ýalydy. Belki-de, ahyrynda Elimelek dogrudyr. Hudaý çetde durup, Nagomynyň betbagtçylyklaryna syn edýändir.
Nagomy özüni Onuň höküminiň alnynda aklamak isleýärdi. Beýtlahamda galmaklygy ol ärinden haýyş etmändimi? Hudaýa bil baglamalydygy oňa aýtmandymy? Elimelegiň kararyny üýtgedip, özleriniň öýlerine dolanmaklary hakda Nagomy Hudaýa dileg etmändimi? Äriniň ölüminden soň Nagomy öýüne gitmekligi islemändimi? Hudaýyň wada beren ýurduna dolanmaklyga ol ogullaryny yrmandymy? Emma öz ykballaryny özleri çözerleri ýaly Mahlon bilan Kiýlon şol wagt bireýýäm uludylar.
Olaryň ýürekleri bireýýäm Hudaýy we wada berlen ýurdy terk edipdiler. Olaryň Beýtlahamdaky öýleri ýöne jyda düşmeklik we gaýgylar baradaky ýerden başga zat däldi. Olaryň kakalary Beýtlaham barada ýekeje-de oňat söz aýtmandy. Nädip olarda ol ýere gaýdyp barmaklyk islegi döresin? Olar ýewreý däplerini we kanunlaryny bilmeýärdiler, çünki Elimelek öz borçlaryndan boýun towlapdy. Ol öz ogullaryna ysraýyl halkynyň taryhy, Musanyň kanuny we hakykat ýollary hakda gürrüň bermändi. Olar öz kakalarynyň ýaşaýşyny görüp, onuň özi ýaly hereket edýärdiler. Kakalary aradan çykanda bolsa, olar Kirhareşetiň ýaşulularyna we Hamosyň ruhanylaryna gulak asyp başlapdylar. Olar öz isleglerine görä ýaşap, hatda mowaply aýallara öýlenipdiler. Ogullary Nagoma näçe azar beripdiler!
Onuň aýdýanlary ogullary üçin diwara aýdylýan ýalydy. Ogullary ony söýýärdiler, emma Nagomy bary-ýogy aýaldy. Ol nämä düşünýär? Olar şeýle diýýärdiler. Şeýle pikir etmekligi olara Elimelek öwredipdi.
Nagomy uklap ýatap gelinlerine seretdi. Nähili geň bolýandygyna seretmezden, olar indi Nagomynyň ýeke-täk umydydy. Hawa, bu aýallar hakda ilki eşideninde, Nagomy gaty alada galypdy. Keseki ýurtly aýallar! Ysraýylyň masgaraçylygy! Mahlon Ruty, Kilýon bolsa, Orpany öýüne getireninde, Nagomy neneň lapykeçlige düşüpdi! Ol zordan ýüzünde şatlyk ýasapdy. Ol başga näme edip bilsin? Nagomy ogullaryna bolan söýgüni howp astyna salyp bilmezdi. Nagomyda ogullaryň ýaşajyk aýallaryna nähili bolsa-da, azajyk täsir ederin diýen umyt bardy.
Indi olar hem Nagomynyň özi ýaly dul galdylar we edil öz göwresinden çykanlary ýaly Nagomy üçin gadyrdandylar.
Geçen baharda Kilýon duýdansyz gyzdyrma bilen keselledi. Onsoň uzak wagtlap dowam eden kesel, Mahlony-da ölüm ýassygynda ýatyrdy. Kilýon birnäçe günüň içinde kän bir gynanman aradan çykdy, emma betbagt Mahlon beýle rehimden jyda düşdi. Ol kesellän gününden başlap, agyrylarynyň yzy üzülmedi. Nagomy hiç zat edip bilmän, Elimelegiň ilkinji ogluny keseliň gynaýşyna seretmekden başga alajy galmandy. Nagomy ençeme gezek oglunyň agyrylarynyň ýeňilleşmegi hakda dileg edip, äriniň we ogullarynyň günäleriniň öz üstüne ýüklenmegini haýyş edipdi, emma günler haýallyk bilen geçýärdiler. Biçäre Rut — wepaly we göýgüli Rut. Mahlonyň agyrylaryny ýeňilleşdirmäge näçe gije synanyşypdy, emma ähli synanyşyklar özüniň hususy ejizliginine düşünmeklik bilen gutarypdy! Käwagtlar Nagomy şäherden meýdana gaçyp gidip, şol ýerde gygyryp, saçlaryny ütüp, başyna kül sepesi gelerdi. Mahlon ýaralanan haýwanyň ölmeziniň öň ýanyndakysy ýaly gözlerini galdyryp, ejesine seredeninde, Nagomynyň ýüregi dilim-dilim bolupdy.
Şol uzyn hasratly günlerde Nagomy bütinleý tapdan düşüpdi, emma şonda-da ol Mahlona Hudaýyň rehimi hakda mähir bilen aýdardy.
Şonda-da Mahlon aradan çykdy.
Mahlon aradan çykanda, Rut onuň ýanynda oturyp, elinden tutup durdy. Onuň demi saklananda, Rut möňňürip aglady-da, ýapynjasy bilen ýüzüni örtdi.
Bu bary-ýogy ýigrimi iki gün mundan ozal boldumyka?
Mahlon indi rahatlandy we onuň ähli agyrylary tamamlandy diýip, Orpa gaýyn enesi bilen Ruty köşeşdirmäge synanyşdy. Nagomy bu sözlere ynanasy geldi, emma olar onuň üçin boş we esaslandyrylmadyk ýaly bolup görünýärdi. Orpa Hudaý hakda näme bilýärdi?
Nagomynyň gaýgysy şeýle bir beýikdi welin, hatda ol bütinleý doňupdy. Nagomynyň edip biljek zady — bu günüň ýaşmagyna garaşyp, öňküleri ýaly öz öýüniň gapdalyndan geçýän adamlaryň seslerini diňläp, garaňky burçda oturmaklykdy. Ogullary öli bolanlarynda, nädip durmuş dowam etsin! Köçeden gelýän goňşularynyň gülki seslerine nägilelik bildirýärdi. Durmuşyň üýtgemez boşlugy Nagomynyň ýüregini ajy bilen doldurdy. Onuň söýýänleri bu dünýäde şeýle bir ujypsyzmykalar? Hatda olaryň durmuşlary Duzly deňze zyňlyp, özünden soň çalaja yz galdyrýan çägäniň bir owujyna meňzeýär. Diňe Orpa bilen Rut Nagomynyň agyrysyny paýlaşýardylar.
Nagomy Mowap bilen Kirhareşeti gün-günden beter ýigrenýärdi. Ol bu keseki halky ýigrenýärdi.
Bu ýigrenç üçin hem ol öz-özünden nägiledi. Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň Hudaýa ýaramadyk ýoly saýlandyklary Nagomy bilen onuň gelinleriniň günäleri däldi.
Täze gün dogdy, Nagomy bolsa gözlerini ýumup, ölmek isleýärdi. Emma gaty küýseýän rahatlygyna derek, özüniň diri bolup, töwereginde bolup geçýänleri duýýandygyny aňdy. Ol Rut bilen Orpanyň aglap, özüni oýarmajak bolup pyşyrdaşýandyklaryny eşitdi. Gelinleri iýmekligi haýyş edenlerinde, Nagomy iýdi we dynç almagyny haýyş edenlerinde, ýatyp demini aldy. Emma henizem özüni ýitirim, gaharlanan, gorkan we lapykeç duýýardy.
Pikirinde Nagomy durmuşa çykan ilkinji ýyllaryna dolanyp, ýenede ýatlamalara batdy. Wah, nädip olar özleriniň agyr zähmetleri we ýurtlaryna bolan wepalylyklary üçin sowgat boljak bagtly geljek hakda arzuw edipdiler. Adamsy oňa Nagomy — «meniň şatlygym» diýip at dakypdy. Özüniň göwrelidigini bilip, nädip şatlanandyklaryny ýatlady; nädip olar çaga garaşypdylar we birinji ogly, onuň yzysüre ikinjisi hem dogulanda, nädip olar baýramçylyk gurnapdylar. Çagalary ýöräp başlaýançalar, Nagomy olary emdiripdi. Nagomy olaryň çaga şatlyklaryna begenipdi, olaryň hereketlerine gülüp, olaryň bardyklaryndan keýplenerdi. Şonda durmuş doludy. Özleriniň ähli gowulyklarynda ol Hudaýyň bardygyny duýýardy.
Beýtlahamda olaryň ýaşaýyşlary gowy däldi, emma olar ol ýerden gidenlerinde, ýagdaýlary öňküsindende beterleşdi. Nagomy Elimelege täsir etjek boldy, emma hiç hili üstünlige eýe bolmady. Ol çagalaryny hakyky Hudaýa ynamda terbiýelemek isledi, emma Musanyň kanuny gaty agyr we çydardan üstün diýip, Elimelek hasaplady.
— Biziň ýolumyz — bu ýeke-täk ýoldur, Nagomy. Töweregiňe göz aýla-da, mowaplylaryň gülleýişlerine syn et. Beýtlahamda ýaşaýanlar bolsa, henize çenli-de bir döwüm çörek üçin ýerde daňdaňdan gijä çenli der dökmelidirler.
Ýüreginiň töründe Elimelegiň Hudaýy ret edýändigine Nagomy düşünýärdi, emma ony yzyna dolandyrmaklyk üçin gerekli sözleri tapyp bilmedi.
Özüniň başga hili hereket edip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi hakda oýlanyp, Nagomy özüne azar berýärdi. Özüniň söýýänleri üçin elinden gelenini etmändigini ýatladyp, gaýgylanýardy.
Nagomy sesini çykarmaýardy, emma her gün, her gije öz-özüni käýemeklik bilen meşgullanýardy.
Ol iňňildi bilen eýläk-beýläk enteýärdi.
Rut ýerinden turup, gaýyn enesini gujaklady.
— Ejejan, men siz barada alada ederin.
Onuň mähribanlygy Nagomynyň ýüregini eretdi. Ol gelniniň gujagynda möňňürip aglap, özüni kiçijik çaga kimin alyp baryp, Rutuň hüwdülemegine mümkinçilik berdi. Emma bu oňa rahatlyk getirmedi, çünki başga pikirler onuň kellesinde aýlanyp, öňküsinden-de beter azar berýärdi.
Onuň ogullarynyň atlaryny saklarlary ýaly çagalar ýokdy ahyryn. Bu edil Mahlon bilen Kiýlonyň hiç haçanda hem bolmandyklaryna barabardy.
* * *
Nagomynyň öz öýüniň gapysyndan çykmanyna, ýetmiş gün geçdi. Günüň yşygyndan gözleri agyrýardy. Betbagtlyklar zerarly ol güýçden gaçypdy, şeýle kän gözýaşlar döküpdi welin, hatda olardan küýze doldursa-da bolardy. Köşeşmegiň wagty bolupdy. Agy ölenleri yzlaryna dolandyrmaz. Nagomy diriler hakda oýlanmalydyr. Rut bilen Orpa has ýaş aýallardyrlar. Galan ömürlerinde Mahlon bilen Kiýlony aglarlary ýa-da ömri ötüp barýan garry aýal hakda aladalanarlary ýaly olar gaty ýaş aýallardyrlar.
Öýüniň ýanyndaky oturgyçda oturyp, Nagomy nätanyş çagalara syn etdi. Olar köçeden aşak ylgap gitdiler we bireýýäm burçdan dönenlerinde-de, olaryň gülki sesleri Nagoma eşidilýärdi. Bu çagalar diridiler, Nagomynyň çagalary bolsa — ýok. Emma ol etmelisini edäýse, onda onuň gelinlerinde täze durmuş başlamaklyga mümkiçilikleri bardy.
Eger Nagomy Kirhareşetde galaýsa, onda Rut bilen Orpa hökman onuň bilen bile ýaşarlar. Olar aradan çykan ärleriniň ejeleri hakda alada edip, özleriniň ýaş gözelliklerini ýitirerler. Özi zerarly bu ýaşajyk iki gyzlaryň durmuşlarynyň boş geçmekligine nädip Nagomy ýol berip biler? Olaryň kesekilerden bir owuç däne soraýyşlaryna ýa-da dostlarydyr garyndaşlarynyň rehimlerine bakna bolup ýaşamaklaryna serederi ýaly, Nagomy olary gaty güýçli söýýärdi. Eger ol Mowapdan we Kirhareşetden gidäýse, onda gelinleri öz maşgalalaryna dolanarlar we olar gyzlaryny şatlyk bilen kabul ederler. Öz gyzlary üçin kakalarynyň tizara täze ärleri tapjakdyklaryna Nagomy hiç-de şübhelenmeýärdi, çünki gyzlar heniz gaty ýaş we görmegeýdiler. Şonda Rut bilen Orpa çagalaryň getirýän şatlygyny bilerler. Nagomy muny öz gelinleri üçin hemmelerden-de kän isleýärdi.
Özi barada soralanynda bolsa, ol Beýtlahama, öýüne dolanar. Ol ýerde garyndaşlarydyr dostlarynyň açlygy geçirip, henizem galandyklaryny ýa-da ýokdugyny Nagomy bilmeýärdi, ýöne açlygyň geçendigi hakda eşidipdi. Belki-de, medýanlaryň talaňçylyklary hem gutarandyr. Ýöne munuň näme peýdasy bar? Nagomy öýüne gyssanýardy we Beýtullahamda özüne duş geljek zatlaryň bary bilen ylalaşmaga taýyndy. Eger ol kemsidilip, galan ömrüni şeýle geçirmeli bolaýsa-da, goý, şeýle-de bolsun. Hiç bolmanda, ol aýak astynda wada berlen ýeri duýar. Hiç bolmanda, ol özi ýaly diri Hudaýa ynanýanlaryň arasynda bolar.
Gapdalyndan geçip barýan goňşulary Nagomy bilen salamlaşdylar. Ol bolsa başyny yrap, olara ýylgyrdy, pikirleri bolsa saklanmaýardy.
Nagomy ellerini dyzlaryna goýdy-da, böküp ýerinden turdy. Ýapynjasyny egnine düşürip, öýe girdi. Rut dyzyna çöküp, hamyr ýugurýardy, Orpa bolsa tikin tikýärdi. Aýallaryň ikisi-de gaýyn enelerine seredip ýylgyrdylar. Nagomy gelinlerine seredip, olar bilen düşünişer ýaly sözleri gözläp, birsalym oýlanyp durdy, emma näme diýjegini bilmedi. Şonda ol tersine öwrüldi-de, goşlaryny ýygnap başlady. Rut ýerinden galdy.
— Ejejan, näme edýäň?
— Goşlarymy ýygnaýaryn.
— Goşlaryňy ýygnaýaň? — diýip, Orpa sorady. — Sen nirä ugraýaň?
— Öýe.
* * *
Özi bilen Beýtlahama gitjekdiklerini Rut bilen Orpanyň aýtjakdyklaryny Nagomy bilýärdi. Ýaşlyk. Nagomy jedelleşmedi, çünki gyzlaryň Mowap bilen öz maşgalalaryny taşlap gidip bilmejekdiklerine tizara düşünjekdiklerini öňünden görýärdi. Özleriniň Arnon derýasyna ýetip-ýetmänkälerinde, Rut bilen Orpanyň öýlerine dolanmaklyk islejekdiklerine Nagomy ynamlydy. Ol gelinleri bilen bile biraz oňat wagt geçirer we onsoň olary öýlerine ugradar. Özüni olaryň taşlanlaryndan soň, indi hiç haçan hem olary görmejekdigi hakda Nagomy oýlanasy gelmeýärdi. Nagomy öz gelinlerini ömür ýadyndan çykarmaz we heniz dirikä, hökman olar hakda her gün dileg eder.
Ähli goşlar ýygnalanynda, Orpanyň öz ýany bilen aljak zatlary bilen baýyrdan düşüp bilermikä diýip, Nagomy oýlandy. Biçäre gyzjagaz. Ol hiç zadyny-da galdyrasy gelmeýärdi. Özüniň durmuşa çykan gününden başlap üýşüren zatlarynyň baryny ýükledi. Gaýgydan Orpa aglap başlady.
— Wah, hem stoly, hem halyny almagymyzy isleýärin...
Rut bolsa diňe özüniň tiken dürli reňkli guşakly bukjasyny, suwly meşik, ýol üçin däne we kişmişli çörek aldy.
— Galan zatlar nirede, Rut? — diýip, Orpa ondan sorady.
— Men iň wajyp bolan zatlary aldym. Ejejan, maňa gazany ber. Ol seniň üçin gaty agyrdyr. Eger ony men götersem, onda biz şu gün uzak ýoly geçip ýetişeris.
Orpa bilen Rutuň iki ýa-da üç günden dolanjakdygy hakda Nagomy goňşularyna aýtdy. Öýde galan goşlar bilen hiç kimiň gyzyklanmajakdygyna ol ynamly boljakdy. Ýaş aýallar öýe dolanyp gelip, jaý bilen bilelikde ähli zatlary satyp, girdejini paýlaşyp bilerdiler. Nagomy özüniň ýygnan we şu ýerde galdyrýan zatlary hakda aladalanmaýardy. Mowap, pilişti we müsür şaý-seplerine derek ol öz halkynyň ýönekeý zatlaryny halaýardy. Nagoma getirip beren sowgatlaryny Elimelek ýokary tutýardy, emma Beýtlahamda olar ýerlikli bolmaz.
Rut ähli zady Orpa berer diýip, Nagomy öz içinden oýlaýardy. Mähriban Rut, özüni öýüne dolandyryp getirjek baý kakasyndan başga-da, onda gaty ýumşak ýüregi bardy. Nagomy Rutuň kakasyny bireýýäm gowy bilýärdi we gyzy üçin onuň bireýýäm bir baý täjiriň ýa-da patyşanyň köşgüniň hyzmatkäriniň ogluny saýlandyr diýip çaklaýardy. Öz ogly däl-de, kimdir biriniň Rutuň äri boljakdygy baradaky pikir kellesine gelende, Nagomynyň ýüregi gysýardy. Geň zat... Orpa hakda Nagomyda beýle pikirler ýüze çykmaýardy.
Belki-de, bu Nagomynyň hakyky Hudaý hakdaky sözlerine Rutuň ynanandygy bilen düşündirilýän bolaýmagy mümkindir. Gyzyň ýüreginde ynamyň ilkinji şahalaryny göreninde, Nagomy neneň şatlanypdy!
— Rut, sen düýn öz ata-eneňi gördüňmi?
Rut başyny çaýkady.
— Näme üçin? Seniň gidýändigiňi olar bilmelidirler.
— Meniň sen bilendigimi olar bilýärler.
— Olar meniň Beýtlahama dolanýandygymy bilýärlermi?
— Seniň şu ýerden gitjekdigiňi ejem maňa aýdypdy we men oňa şeýle diýipdim, ýagny, hatda eger sen şeýle edäýseň-de, men barybir ärimiň maşgalasyna degişli bolaryn.
Nagomy bu barada başga hiç söz aýtmady. Ol öz ýany bilen kakadylan däneli bir haltajygy, suwly meşigi we içinde ladan bolan deriden edilen haltajygy alyp, ýola düşdi. Beýtlahamda ol bu ladany edil Hudaýa gurbanlyk hökmünde ruhana berer.
Şäheriň derwezesinden çykyp we öňündäki ýola ser salyp, Nagomy ýeňilligi duýdy. Ýolda nähili kynçylyklaryň duş geljekdigine seretmezden, hiç bolmanda, ol Kengana barýardy. Ol yzyna bakmaýardy. Orpa yzyna bakyp, ýuwaşja aglaýardy, Rut bolsa, Duzly deňze tarap gidýän ýola ser salyp, ýöne ýylgyrýardy.
— Syýahatyň başlangyjy üçin bu gün gowy gündir, ejejan.
Gün haýal geçýärdi we jowzaly gün hem ýokary galypdy. Öz ýüregine lapykeçligiň aralaşýandygyny Nagomy duýdy. Tizara ol öz gelinleri bilen hoşlaşar.
Günortan olar dynç almaklary üçin uly agajyň saýasynda saklandylar. Nagomy Rutuň hödürlän kişmişli çöregi bilen bir käse suwy aldy, Orpa bolsa iýmitden el çekdi. Ol bir ýere göni bakyp, ýuwaş oturdy. Rut oturdy-da, ýüzüniň derlerini süpürişdirdi. Ol ýadaw görünýärdi, emma özünden-de gelnejesi hakda kän aladalanýardy.
— Orpa, sen özüňi gowy duýýaňmy?
— Men dynjymy alaryn we bary ýerbe-ýer bolar.
Nagomy munuň nädogrudygyny bilýärdi, emma bu bilim ony rahatlandyrmady. Ol öz gelinlerini öýlerine goýbermelidir. Garaňky düşmänkä sag-aman şähere baryp ýetmekleri üçin heniz wagt ýeterlikdi. Nagomy çaltlyk bilen iýdi-de, şu wagta çenli Rutuň göterip gelen bukjasyny egnine atdy.
— Näme edýäň? — diýip, Rut ondan sorady-da, ýerinden turdy.
— Indi meniň ýeke özüm ýolumy dowam etdirerin.
— Ýok, ejejan.
Orpa hem ýerinden turdy-da, gözýaşlary bilen gaýyn enesine garşy çykyp, Ruta goşuldy.
— Gitme! Haýyş edýän, gitme.
Nagomynyň ýüregi titreýärdi, emma özüniň berk durmalydygyny ol bilýärdi.
— Öýleriňize, öz ejeleriňize dolanyň-da, meniň bilen gitmäň. Has üstünlikli durmuşa çykmaklyk bilen Hudaý size pata bersin.
Rut aglamaga başlady.
— Ýok, — diýip, ol başyny çaýkady. — Ýok,
— Biz seniň bilen seniň halkyňa gitmekligi isleýäris.
— Siz näme üçin meniň bilen bile gitmekçi bolýarsyňyz? — diýip, Nagomy aýtdy. Içinde saklap duran duýgular zerarly onuň sesi gödekleşipdi, ol öňküsi ýaly arkaýyn gürlemäge synanyşdy, emma başartmady. — Siziň ärleriňiz bolarlary ýaly men başga ogullar dogrup bilerinmi? Ýok, gyzlarym, ata-eneňiziň öýüne dolanyň, çünki durmuşa çykarym ýaly men gaty garrydyryn. Hatda bu mümkin bolup, men ýene-de durmuşa çykyp, şu günüň özünde göwreli bolaýanymda-da, munuň näme peýdasy bolar? Olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Haýallyk edip, durmuşa çykman bilersiňizmi? Ýok, elbetde, ýok! Meniň ýagdaýym siziňkiden has beterdir, çünki meniň garşyma çykan — Hudaýyň hut Özi.
Rut bilen Orpa öňkülerinden-de beter aglaşdylar. Orpa gaýyn enesini gujaklady.
— Nagomy, men seni hiç haçan hem ýadymdan çykarmaryn. Goý, seniň syýahatyň howpsuz bolsun.
— Men hem seni ýadymdan çykarmaryn, — diýip, Nagomy aýtdy-da, gyzlary ogşady. — Seniň hem syýahatyň howpsuz bolsun!
Orpa bukjalaryny galdyrdy-da, Kirhareşete tarap öwrüldi. Biraz ýol ýöräp, saklandy-da, aljyraňňylyk bilen yzyna bakdy.
— Rut, sen gitjek dälmi?
— Ýok, — diýip, Rut başyny çaýkady we gözleri gözýaşlardan doldy. — Men Nagomy bilen giderin.
Orpa goşlaryny ýere goýdy-da, gelnejesini gujaklamak üçin yzyna ylgady.
— Bu çynyňmy, doganym?
— Mundan çynym bolmaz.
— Haşyş edýän...
— Ýok. Mensiz gaýdyber. Men Nagomy bilen giderin.
Orpa hoşlaşdy-da, öz ýoluny dowam etdirdi. Nagomy onuň çaltlyk bilen gidýändigine syn etdi we oňsoň Ruta seretdi. Garry aýal Kirhareşete görkezip, ellerini uzatdy.
— Seret. Seniň gelnejeň öz halkyna, öz hudaýlaryna dolanýar. Sen hem edil şonuň ýaly etmelisiň.
Rutuň ýüzünden gözýaşlar akdy, emma ol ýerinden gozganmady.
— Senden gidip, öýüme dolanmaklygymy haýyş etme, men dolanmak islemeýärin.
— Emma nädip özümi seniň taşlamagyňy men haýyş etmän bilerin? — Nagomy gyza ýakynlaşdy. — Rut, sen meniň diýenimi eşitdiňmi? Özümiňki ýaly seniň hem durmuşyň ajy bolmaklygy üçin men seni ýanym bilen Beýtlahama äkitmelidirinmi? Sen ärsiz we çagasyz garramalymykaň? Orpanyň yzyndan ýet! Ata-eneňe dolan!
— Ýok, — diýip, Rut aglap aýtdy. — Men seni taşlamak
Nagomynyň ýüregi gysyldy.
— Eý, meniň mähribanym, diýýänleriň barada gowuja oýlan. Meniň halkymyň ýaşaýşy seniň oýlaýsyň ýaly ýeňil däldir. Biz sabat gününi, şeýle-de, ähli mukaddes günleri berk tutmalydyrys we bu günler biz iki müň tirsekden daşary syýahat edip bilmeris.
— Seniň giden ýeriňe menem giderin.
Rutuň duýgularyny ýaralaýandygyna seretmezden, oňa hakykaty aýtmalydygyna Nagomy düşünýärdi.
— Biz gijäni butparazlar bilen geçirmeli däldiris.
— Men seniň ýaşan ýeriňde ýaşaryn.
— Biz alty ýüz sany tabşyrygy berjaý etmelidiris!
— Ejejan, seniň halkyň berjaý edýänleriniň baryny men hem berjaý ederin, çünki seniň halkyň meniň halkym bolar.
Nagomy ellerini serdi.
— Günä üçin bizde jezanyň dört görnüşi bardyr: daşlap öldürmeklik, bogup öldürmeklik, oda taşlamaklyk we gylyç bilen öldürmeklik. Öz kararyňy oňatja oýla!
Rut hiç zat diýmedi we Nagomy özleriniň halklarynyň arasynda kän tapawudyň bardygyny düşündirjek bolup, sözüni dowam etdirdi.
— Biziň halkymyz merhumlaryny mazarlarda jaýlaýandyr.
— Goý, meni hem şol ýerde jaýlasynlar.
Dyzyna çöküp, Rut Nagomyny gujaklady.
— Sen nirede ölseň, men hem şol ýerde ölüp, şol ýerde hem jaýlanaryn.
Nagomy gelnini özünden itjek bolanynda, ol öňküsinden-de beter gaýyn enensine ýapyşdy.
— Eger men ölümden başga zadyň ikimizi aýra düşürmekligine rugsat bersem, onda, goý, Hudaý maňa jeza bersin.
Nagomy aglap, ellerini Rutuň kellesine goýdy-da, onuň saçlaryny sypalady. Garry aýal gözlerini galdyryp, asmana bakdy. Ol muňa meňzeş zada umyt etmändi, özi üçin bu ýaş mowaply aýalyň bar zatdan geçip, gaýyn enesiniň yzyna eýerjekdigine Nagomy garaşmandy. Gözlerini aşak dikip, ol aljyraňňy ýagdaýda Rutuň kellesini sypalady.
— Sen indi mundan beýläk hiç haçan hem ejeňi, kakaňy, doganlaryňy we jigileriňi görmersiň. Sen muňa düşünýäňmi?
— Hawa, — diýip, Rut başyny galdyrdy. Ýüzünde gözýaşlaryň yzlary galypdy.
— Eger yzyňa dolanaýsaň, onda ýaşaýşyň ýeňil bolar.
— Eý Nagomy, sende hakykat sözleri bolanynda, men nädip öňki durmuşyma dolanaýyn? — diýip, Rut aglap aýtdy. — Haýyş edýän, seni taşlamaklygy menden talap etme. Meni synaga salma. Men seniň bilen giderin!
Beýle sözlere jogap edip, Nagomy näme diýip bilerdi? Ol Rutuň ýüreginiň Ysraýylyň Hudaýyny kabul etmekligi üçin taýyn bolmaklygy barada dileg etmändimi? Bir gileg, müňleriň arasyndaky bir dileg eşidildi.
— Rahatlan, — diýip, Nagomy mähir bilen aýtdy-da, Rutuň gysylan ellerini ýumşatdy. Ol ýylgyryş bilen gelnine seretdi-de, onuň gözýaşlaryny süpürdi.
— Goý, bary Hudaýyň erki boýunça bolsun. Duş geljekleriň baryny biz bile garşy alarys.
Rut ýeňillik bilen uludan demini aldy, gözleri bolsa ýalpyldaýardy.
— Men seniň her bir sözüňi saklaryn, çünki maňa öwredýänleriň her biriniň özüm üçin peýdalydygyna düşünýändirin.
— Meniň ejemden öwrenenlerimiň baryny indi sen bilersiň. Mendäkileriň bary — seniňkidir. Men şatlyk bilen bilenimi saňa gürrüň bererin.
Özüniň ýüregindäki, durmuşyndaky aýratyn orny bu gyzyň eýelemegi ýöne öz ogly bilen onuň nikasynda däldigine Nagomy indi düşündi. Indi Nagomy öz tiredeşleriniň Ruty mynasyp bahalandyrmaklary üçin dileg eder.
— Gideliň, — diýip, Nagomy aýtdy-da, elini uzadyp, Rutuň ýerinden galmagyna kömek berdi. — Öýe barýança bize uzak syýahat garaşýandyr.
* * *
Beýtlahama gelenlerinde, özlerine duş geljek kynçylyklar hakda Rut oýlanmaýardy. Olaryň syýahatlarynyň her bir güni şeýle bir çylşyrymlydy welin, Nagomynyň ýurdunda garaşýan kynçylyklar Ruty gorkuzmaýardy. Mahlonyň kesel ýatan aýlarynda Rut gorkuda ýaşapdy, emma onuň äri iru-giç aradan çykypdy. Ol öz ärini söýýärdi, emma ony halas edip bilmedi. Oňa kömek etmek synanyşyklarynyň bary biderekdi we ony ýitirmeklik gorkusy ölümi ýeňip bilmedi.
Ärsiz durmuşyň kynçylyklaryny ýeňip, maşgalany çörek bilen üpjün etmeklige-de gorky kömek eden däldi. Mahlonyň ölüminden soň, Rut hiç haçan hem özüne ygtyýarly bolmadyk zatlaryň üstünde kelle döwmekligine özüne ýol bermejekdigini berk çözüpdi. Geljek hem edil şeýle zatlara degişlidi. Ähli amala aşjak zatlary ol batyrgaýlyk bilen garşy alar we özüne Hudaýyň beren durmuşyna kaýyl bolar.
Hatda Nagomy üns hem bermän, käte-käte Ruta teselli berýärdi. «Hudaý biz hakda alada eder», — diýip, ol geçen gije aýdypdy. Rut onuň sözleri hakda oýlanyp, ýyldyzly asmana bakyp, gaty ýerde ýatyrdy.
Mahlonyň öýüne giren gününden başlap, Rut Nagomynyň Kirhareşetiň ähli aýallaryndan tapawutlanýandygyna üns beripdi. Göze düşýän birinji tapawudy hem — onuň geýimleridi. Mowaplaryň arasynda ençeme ýyl ýaşaýandygyna seretmezden, Nagomy edil ýewreý aýaly ýaly geýinmegini dowam etdirýärdi. Ol muny özüni goňşularyndan üstün görýändigi sebäpli tekepbirlik bilen edenokdy. Ol hakykatda nähili bolsa, şonuň ýaly-da özüni görkezýärdi. Şeýle-de, Rut onuň Hudaýa bolan çuňňur ynamyny görüpdi. Ilki Rut howsalanypdy. Gaýyn enesiniň uzak wagtlap geplemezligi, oglunyň alan aýaly bilen onuň ylalaşmazlygynyň alamatydy. Emma Rutuň ýalňyşýandygyny Mahlon aýdypdy.
— Ol Hudaýa ýüzlenýär, — diýip, Mahlon aýdypdy we egnini gysypdy. — Men özümi bilenimden bäri, ol Hudaýa ýüzlenýär. Içiňi gysdyrma. Onuň dilegleri hiç kime-de zyýan bermez. Ýöne oňa üns beräýme.
Emma Rut özüniň gaýyn enesine üns bermän bilmedi. Bu aýal üçin Hudaýa ýüzlenmegiň nähili wajypdygyny ol görüpdi we bu barada köpräk bilmek isläpdi. Gizlinlikde ol özüniň gaýyn enesini synlaýardy. Käwagtlar Nagomy öz Hudaýy bilen gürleşende, ol gaty rahat görünýärdi, käwagtlar bolsa, onuň ýüzünde agyry peýda bolýardy. Her gün daňdan, käwagtlar bolsa, günortan we hemişe-de agşam sagatlarynda Nagomy kellesini ýapynjasy bilen örtüp, burçda oturyp, şol ýerde sessiz-üýnsüz doňardy. Bir gezek Rut onuň näme barada dileg edýändigini sorapdy we Nagomy ýylgyrma bilen jogap beripdi:
— Hemme zat barada, — diýip jogap bereninde, Nagomynyň gözleri gaýgyly göründi. — Köprägem ogullarym hakda, — diýip, ol Ruta ýakynlaşdy-da, ony gujaklady, — we gyzlarym barada.
Gaýyn enesiniň mähirli sözleri Rutuň gözlerinde gözýaşlar döretdi. Nagomynyň pikiri Rut üçin uly mana eýedi, çünki Rut Mahlonyň ejesini gaty halaýardy. Nagomy mähriban we ýumşakdy, ol öýüň işlerini adalatlylyk bilen paýlap, hemmeler ýaly özi hem kän işleýärdi. Ol iki ogluny hem deň derejede söýýärdi we medeniýet boýunça tapawuda seretmezden, ol Rut bilen Orpany gyzlary hökmünde kabul edipdi. Mahlona Nagomynyň aýratyn täsiriniň ýokdugyna seretmezden, gaýyn enesiniň çuňňur bilime we akyldarlyga eýedigini Rut duýupdy we özi hem bulara eýe bolmaklygy isläpdi.
Emma Rut gaýyn enesiniň gaýgysyny hem görüpdi. Kirhareşetde Nagomy özüni hiç haçan hem öýündäkisi ýaly duýmandy, özüni gurşan jemgyýete ol öwrenişmändi. Bu onuň Hudaýy bilen baglanyşyklydy. Rut onuň ýanyna baryp, bu barada gürrüň etmäge gaýrat tapmandy. Bu sorag bilen ol ärine ýüzlenipdi.
Mahlon öz halkynyň Hudaýy hakda kän gürrüň berip bilmeýärdi. Ol Hudaý hakda Mahlon gaty az bilen bolmagy ahmal.
— Näme üçin sen Hudaý bilen beýle kän gyzyklanýaň?
— Men Ol hakda seniň çagalaryňa aýtmaly bolmarynmy ahyryn?
— Eger isleseň, olara Hamos hakda gürrüň berersiň. Maňa munuň parhy ýok. Ejemiň olara ýewreýleriň Hudaýy hakda gürrüň berjekdigine men ynamlydyryn. Iň wajyp zat — bu olaryň ähli dinlere deň garamaklarydyr. Kirhareşetde üstünlige eýe bolmaklygyň ýeke-täk usuly şundadyr.
Mahlon üçin bir hudaý beýlekisinden hiç-de oňat däldi, emma Nagomy bu soragda ylalaşyga girip bilmeýärdi. Ol beýleki dinlere hormat bilen garap, hiç kimi hem ýigrenmeýärdi, emma Gudratygüýçli Hudaýa bolan ynamynda berk durýardy.
Rut gapdalynda ýatan gaýyn enesine seretdi. Nagomy bir daşy ýassyk edip ýatypdy.
Ol özi üçin Rutuň taýýarlan çöregini iýip, birsalymdan soň uka batypdy. Gün ýaşyp, howa tiz sowady. Rut ýerinden turdy-da, seresaplylyk bilen Nagomynyň üstüni örtdi. Syýahat gaýyn enesi üçin gaty çalt agyrlaşdy. Mahlonyň ölüminden soň, ol birnäçe günüň içinde gaty az iýip-içdi. Ol gaýgy zerarly has-da güýçden gaçar öýdüp, Rut gaty gorkdy. Şonuň üçin gaýyn enesiniň işdäsini açjak bolup, ol buglanan et bişiripdi. Ýoluň agyrlygy bolsa, Nagomynyň işdäsini ýapypdy. Ýolda ol şeýle bir ýadapdy welin, hatda iýýän çagynda onuň gözleri ýumulýardy. Geň galaýmaly, Rut üçin edil ol gaýyn enesi bilen ýerini çalşany ýaly bolup görünýärdi. Nagomy çaga ýaly, Rut bolsa onuň ejesi ýaly bolupdy.
— Men muňa garşy däl, — diýip, Rut pyşyrdady-da, aşak egilip, gaýyn enesiniň ýaňagyndan ogşady. Ýaş aýal gaýyn enesiniň günde ýanan maňlaýyndaky saçlaryny aýryşdyrdy.
Rut biraz titreýän gaýyn enesiniň ýanynda oturdy-da, ony berk gujaklady. Uzaklarda Nebo dagy görünýärdi. Irden Nagomy gelnine Musanyň şol daga çykandygy we Hudaýyň halkyny Ýeşuga tabşyryp, onuň şol dagda hem ölendigini gürrüň beripdi. Şondan biraz wagtdan soň, ysraýyllylar Iordandan geçip, Kengany eýeläpdiler. Hudaýyň ýewreýler üçin eden işleri baradaky Nagomynyň gürrüňlerini diňlemekligi Rut halaýardy. Ol Hudaýyň gudratynyň we mizemez söýgüsiniň görkezilişi hakdaky gürrüňleri eşideninde, Rut geň tolgunmany başyndan geçirýärdi.
Gözlerini ýumup, Rut ýüzüni asmana galdyrdy.
— Eý Hudaý, öz guluň Nagomy hakda alada etmeklige maňa kömek et, — diýip, ol pyşyrdady. — Diňe ol arkaly men Saňa ynandym. Haýyş edýän, biziň ýollarymyzy dogurla we öýe bolan ýolda bizi gora. Ýene-de, eý Hudaý, eger men kän zady soraýan bolmasam, onda Nagomynyň öňki dostlary ony şatlyk bilen kabul ederleri ýaly, olaryň ýüreklerini ýumşat. Ony geçmişde söýen adamlar häzirki kyn wagtlarda-da Nagomyny öňküleri ýaly hormatlasynlar.
Ikinji bap
Günler uzyndy, jowzaly we gurakdy. Rut irden turdy-da, Nagomyny hem turuzdy.
— Ejejan, gün dogýar, — diýip, adatça Rut aýdardy. — Heniz yssy bolmanka, biz hut şu wagt ýola düşmelidiris.
Olar seslerini çykarman, öňe gidýärdiler. Gün ýakyp başlanynda bolsa, olar özleriniň dynç alarlary ýaly kölege gözlediler. Adatça Nagomy gaty ýadap, azajyk uklaýardy. Rut bolsa ýygy-ýygydan aşak seredip, özlerine garaşýan geljek hakda oýlanardy.
Olar Arnon derýasynyň jülgesine çenli baryp ýetdiler we onsoň birnäçe şäherleriň üstünden geçdiler. Özleriniň geçen her bir şäherlerinde Rut dokan guşaklaryny azyk harytlaryna çalşyp, adamlardan ýoly salgy alýardy.
— Ýok, Ýeriho ýolundan gitmäň, — diýip, gök-önum satýan aýal ýol salgy berdi. — Daglarda garakçylar gizlenip, olar kerwenleri talaýandyrlar. Bu ýoldan ýeke ýöremek howpludyr.
— Men ýeke däl. Men gaýyn enem bilendirin.
— Iki aýal? Onda siz düýe bazaryna girip, öz kerweni bilen sizi hem äkitmäge razy boljak bir täjiri tapmalysyňyz. Ýeriho ýolundan hiç kim hem goragsyz gidýän däldir. Bolmasa, sizi tutarlar-da, gulçulyga satarlar.
Rut şäher diwarlaryň alnynda gurlan özleriniň kiçijik düşelgelerine dolanyp geleninde, Nagomy otda çörek bişirip otyrdy.
— Men howsalalandym, — diýip, Nagomy kellesini galdyrman aýtdy.
— Ejejan, bagyşla, — diýip, Rut aýtdy-da, ýere çökdi. — Men dolanyp gelip, etjek işim hakda saňa gürrüň bermelidim. Bazarda bir aýal maňa daglar boýunça syýahat edýän adamlary talaýan garakçylar hakynda gürrüň berdi. Şonuň üçin hem men kömek gözlemegi makul bildim. Ertir biz kerwene goşulyşarys-da, onuň bilen Ýeriho ýolundan gideris. Onuň hojaýyny — benýamyn tiresinden bolan täjirdir. Onuň ýaragly goragy bar. Onuň bilen biz howpsuzlykda bolarys.
Nagomy köşeşdi. Ol taýýar bolan çöregi otdan aýryp, gapdalynda goýdy.
— Meniň özüm bu hakda oýlanmalydym.
Ol ýene-de dyzyna çökdi-de, ýüzüni elleri bilen ýapdy.
Rut çöregi alyp, ony bölüşdirdi. Onuň ýarysyny ol Nagoma uzatdy. Ol bolsa kellesini çaýkady.
— Ejejan, sen iýmelisiň. Saňa güýç gerek bolar.
Öňküsi ýaly ýüzüni ýapyp durup, Nagomy aglady.
— Näme üçin men howpsuzlyk barada oýlanmadym? Hatda men seniň bilen näme boljakdygy hakynda-da oýlanmadym. Özüm bilen gitmekligiňe rugsat berenimde, men näme barada oýlandym? Men özi hakynda alada edýän garrydyryn!
— Sen meni yzyma dolandyrjak bolduň, — diýip, Rut ýylgyryp aýtdy. — Ýöne bu saňa başartmady. Tolgunmazlyga synanyş. Biz howpsuzlykda bolarys.
Nagomy kellesini galdyrdy.
— Meniň ýaly garry dul aýala seredeniňden, ýaş aýala kän howp garaşýandyr.
— Bu syýahat biziň ikimiz üçin hem howpludyr we biz howpsuzlyk üçin ähli çäreleri görýändiris. Meniň pikirimçe, bu täjire ynansa bolar.
— Biziň döwrümizde hiç kime-de ynanmaly däldir.
Rut ýene-de gaýyn enesine çörek uzatdy. Nagomy ony aldy-da, azajyk bölüp alyp, ony haýallyk bilen iýmäge başlady.
Rut oňa seredip ýylgyrýardy.
— Hudaýy söýýänleri Onuň goraýandygy hakynda men senden näçe gezek eşitdim?
— Özüni terk edýänleri bolsa jezalandyrýandyr.
Nagomynyň gözleri gözýaşlardan doldy. Onuň Elimelek, Mahlon we Kiýlon hakda oýlanandygyny Rut bildi. Äri hakda ýatlanynda, Rutuň ýüreginde ýiti agyry peýda boldy. Oňa çaga dogrup bermekligi Rut neneň küýsäpdi! Ogul onuň neslini dowam etdirerdi.
— Men gaty ýadadym, — diýip, Nagomy aýtdy we sesinde gözýaşlar eşidilýärdi. — Haçan bolsa-da, bir wagt öýüme baryp bilermikäm? Bu daglary indi men gowy ýadyma saldym. Bu syýahatyň şeýle agyrdygyny men nädip ýadymdan çykaryp bildim?
— Ýadan çagymyzda biz dynjymyzy alarys.
— Onda kerwen bizsiz gider, — diýip, Nagomy gaýgy bilen aýtdy.
— Onda biz beýlekä goşulşarys.
— Eger garakçylar bize hüjüm etmeseler...
— Ýok, — diýip, Rut burnuny çekip aýtdy. Ol ýerinden turup, Nagomynyň ýanyna bardy we onuň ýanynda oturyp, elinden tutdy.
— Ejejan, hatda bu hakda oýlanma-da. Eger sen bu barada oýlansaň, onda biz hiç zat edip bilmeris. Dagyň beýleki tarapy —
Nagomy titredi, gözlerinde bolsa, ötünç göründi. Ol ellerini Rutuň ýaňaklaryna degirdi.
— Käwagtlar men bu barada ýadymdan çykarýaryn, — diýende, gözleri öl boldy. — Bar zadym hakynda oýlanman, men ýygy-ýygydan ýitirenlerim hakynda oýlanýaryn.
— Sende men bar, mende bolsa sen barsyň, — diýip, Rut aýtdy. — Bizde Hudaý bar. Bize garaşýanlary batyrgaýlyk bilen garşy almaklygymyz üçin bu ýeterlikdir. Sen maňa muny öwredipdiň.
— Bu barada maňa ýatlat.
* * *
Ertesi günüň günorta çagynda olar kerwen bilen Iordandan geçdiler. Nagomy ýadaw halda agajyň aşagynda oturdy.
— Men ýöräp bilmeýärin.
Rut gaýyn enesini arkaýyn ornaşdyrdy-da, oňa suw berdi.
— Sen dynjyňy alaý, men bolsa baryp, Aşer Ben Hadara minnetdarlyk aýdaýyn.
Rut kerweniň hojaýynynyň ýanyna baryp, oňa iki bükülip tagzym edende, soňky düýe derýadan geçipdi.
— Kerweniň bilen biziň hem gitmegimize rugsat bereniň üçin minnetdarlyk bildirýän.
— Siz bizden şeýle çalt aýryljakmy?
— Meniň gaýyn enem güýjüniň ýeten ýoluny geçdi. Biz derýanyň boýunda dynç almaga saklandyk, ertir daňdan bolsa ýolumyzy dowam etdireris.
— Gynanýan. Gijäni geçirmek üçin biz jülgede saklanarys. Biziň bilen siz howpsuzlykda bolardyňyz.
— Goý, syhaýatyňyzda Hudaý sizi gorasyn we iki dul aýala eden ýagşylygyňyz üçin Ol size pata bersin.
Erkek kişi gynanç bilen ýüzüni çytdy.
— Hudaý sizi gorasyn.
Yzyna öwrüldi-de, ol düýesine münüp, taýagy bilen ony urdy we öz hyzmatkärleriniň birine müsürçe buýruk berip gygyrdy. Düýe eýläp-beýläk entäp, ýerinden galdy we biraz wagtdan soň edil ýykyljaga meňzeýärdi. Erkegiň kerweniň başyna tarap gitmäge başlanynda, Rut ýene-de oňa tagzym etdi. Aşer Ben Hadaryň hyzmatkärleriniň biriniň Rutuň yzyndan ýetip, oňa bir halta bilen içi doly meşigi berende, Rut kenaryň boýundaky agaçlyga ýakyn barypdy.
— Meniň hojaýynymdan sowgatlar, — diýip, hyzmatkär gyrylan sesi bilen aýtdy-da, yzyna tarap ylgady.
Rut ýylgyrdy-da, Nagomynyň ýanynda dyzyna çökdi.
— Dadyp göräý, Hudaýyň Özüni söýýänler hakda edýän aladasyny görýäňmi?
Seresaplylyk bilen meşigi galdyryp, Nagomy ondan içdi. Haýran galmadan onuň gözleri ulaldy.
— Täzeje geçi süýdi!
Rut güldi-de, haltany açyp, sowgatlary görkezdi.
— Ejejan, seret, kişmişli çörek. Birnäçe güne ýeter. Özümizde galan däne bilen biz Beýtlahama çenli oňuşarys.
Olar iýmitlenip, dynç alýardylar, gün ýuwaşlyk bilen Ýerihonyň arkasyndaky daglarda batýardy.
— Şu ýere ýakynrakda Hudaý Ýeşuganyň öz halkyny derýadan geçirmekligi üçin Iordanyň suwuny saklapdy, — diýip, Nagomy aýtdy.
— Musanyň Nebo dagyna çykyp, şol ýerde hem ölendigini ejem maňa aýdypdy. Halk otuz günläp Musanyň agyny tutupdyr. Ýeşuga Hudaýyň Ruhundan dolup, halky şol ýere — Şittime tarap äkidipdir. Olar şol ýerde saklanyp, özleriniň indi näme etmelidiklerini Hudaýyň aýtmagyna garaşypdyrlar. Ýeşuga halky Iordanyň kenaryna getiripdir. Hudaý Iordanyň suwlaryny ikä bölüpdir we adamlar gury ýer boýunça derýadan geçipdirler. Meniň ejem bilen kakam şol gün Kengana geçenleriň arasynda bolupdyrlar. Olar Gilgatda düşläp, şol ýerde Pesah baýramyny belläpdirler.
Rut agajyň aşagynda durup, Nagomynyň aýdyşyna görä, ysraýyllylaryň ýöräp geçen ýoluna seredip durdy.
— Aňyrdaky daşlar näme?
— Daşlar? — Nagomy ýerinden turdy. — Iordandan geçen her kes Hudaýyň Öz halky üçin edenlerini ýadynda saklar. Olar on iki daşlar: atamyz Ýakupdan gelýän on iki tiräniň wekilleriniň her biri bir daş getirip, şu ýerde üýşüripdirler. Suwdaky şol üýşmeleňi görýäňmi? Halk derýadan geçýänçä, şol ýerde ruhanylar äht sandygyny göterip durupdyrlar we hut şol ýerde ýene on iki daş goýlupdyr.
Nagomy Rutuň arkasynda durup, özleriniň gelen ýollaryny görkezdi.
— Şol ýerde Ruben, Gat we Manaşe ýarym tiresiniň ýasan gurbarlyk sypasy durandyr. Iordanyň bu tarapyndaky tireler şol sypanyň üstünde tas urşa başlapdylar.
— Näme üçin?
— Iordanyň günbatar tarapyndaky tireler bu sypa özge hudaýlara gurbanlyk getirilýän sypadyr diýip oýladylar. Emma ol sypa Ruben, Gat we Manaşe ýarym tireleriniň «Hudaýda paýlarynyň bardygynyň» güwäligi hökmünde gurlupdy, bu sypa biziň doganlardygymyzy ýatladýar.
Günüň ýaşyp, asmanda ýyldyzlaryň görünýän wagtyna çenli, Nagomy kakasy bilen ejesinden eşidenlerini gürrüň berdi. Rut Nagomynyň halkynyň taryhyny, Hudaýyň bu halky terbiýeläp, halas etmekligi üçin eden täsinlikleri baradaky gürrüňleri höwes bilen diňleýärdi. Nagomy uklanynda bolsa, Rut asmana seretdi-de, rahatlanmany duýdy. Elbetde, eger Hudaý özüniň pitneçi halkyny çölde gorap saklan bolsa, onda Ol indi Nagomyny-da gorar. Özlerini Hudaýyň sag-aman Beýtlahama getirjekdigine Rut ynanýardy.
Ertesi gün olar jülgä geldiler-de, gijäni hurma agaçlarynyň aşagynda geçirdiler. Daglaryň etekleriniň saýasynda Ýerihonyň dişli keşbi göründi. Birwagtlardaky bu beýik şäher indi ýylanlardyr zemzenleriň mekanyna öwrülip, daş üýşmeleňleri bolup, garalyp ýatyrdy. Ýöne onuň ýanyndaky çeşmäniň boýunda uly bolmadyk, emma gülläp duran obajyklar ýerleşipdi. Onuň ýaşaýjylary Ýeriho ýoly bilen Iýerusalime gidýän ýolagçylara hyzmat edip, gün-güzeran görýärdiler.
Ýeriho ýoluna düşenlerinden bäri, Rut ýola ünsli seredip, dyngysyz dileg edýärdi.
Kerwen aýallaryň yzyndan ýetdi. Rut gözegçi bilen gürleşdi we ol özleriniň düşelgelerinde gijäni geçirmeklik üçin olara ýer berdi. Ertesi gün kerweniň gaty daş gidip, gözden ýitendigine seretmezden, Rut gaýyn enesini gyssaman, onuň bilen howlukman ýöredi.
— Eý Hudaý, bu daglardan geçmäge bize güýç ber, — diýip, ol her gije gözüni ýummazdan pyşyrdaýardy.
Gün-günden ýol eňňit bolup, kynlaşýardy, günler jowzaly bolup, imit bolsa azalýardy. Nagomy gaty ýadady we Rut onuň goşlaryny aldy. Gaýyn enesi lapykeç bolanda, Rut onuň syýahatyň başyndaky çözgütliligini oýarjak bolup, onda Beýtlaham hakda, onuň ýaşlygy hakda soraýardy.
— Her bir gün bizi Beýtlahama ýakynlaşdyrýandyr, ejejan.
— Ol ýerde bize näme garaşýarka? Meniň tanyşlarymyň hiç biri-de diri galan däldir.
— Belki-de, ol ýerde seniň ýadyňdan çykaran dostlaryň bardyr.
— Hawa, meni-de ýatlaryndan çykaran dostlar, — diýip, Nagomy hemişekisi ýaly, has güýçden gaçanyndakysy ýaly aglamaga başlady. — Garyplyk — ine, öýde meniň saňa teklip edip biljek zadym. Bizi kabul ederi ýaly Beýtlahamda hiç kimim hem ýok.
Ol ýüzüni eli bilen ýapyp, aglamagyny dowam etdirdi.
— Yzyňa seret we näçe ýol geçendigimize göz aýla, — diýip, Rut ýükleriň astynda zordan demini alyp aýtdy.
— Ýene näçe gitmelidigimize seret. Hemişe ýokarlardan ýokarlara gitmelidiris.
Rut töweregine göz aýlady. Dynç alar ýaly oňaýly ýer ýokdy. Öňe gitmeklikden başga olarda alaç galmady. Rut Nagomy bilen aglaşmaga taýyndy. Günuzyn göterip gelýän haltalary zerarly Rutuň bili agyrýardy, gözlerine çäge girip, damagy gyrylypdy. Rut ýüpjagaz bilen boýnundan asylan çüýşejigi berk gysdy. Çüýşe Mahlon üçin dökülen gözýaşlardan doludy. Bu Rutuň oňa bolan hormatyny we söýgüsini aňladýardy. Ony elinden boşadyp, Rut gözlerini ýumdy.
— Hudaý biziň gaýgylarymyzy görýändir, ejejan. Ol biziň mätäçliklerimizi bilýändir.
— Ol nirede?
Umytsyzlygyň we lapykeçligiň gykylygyndan saklanjak bolup, Rut dodaklaryny berk ýumdy. Ol özüni elden gitdirip bilmez.
— Rut, men indi ýöräp biljek däldirin. Gaty agyr. Men çydamaýaryn. ölmekligim üçin meni şu ýerde taşla. Men gaty ýadadym!
Rut haltalary bir egnine ýükledi-de, eli bilen Nagomyny gujaklap, ony goldady.
— Sen ýöremelisiň. Ýene azajyk galdy. Biz gijäni geçirmeklik üçin ýer tapyp, dynjymyzy alarys.
— Ertir irden men ýene-de edil şunuň ýaly ýadaw bolaryn. Men kesel we güýçden gaçandyryn.
— Biz ýöräris, ejejan.
— Baryp ýetenimizde-de, näme bolar? — diýip, Nagomy ajygyp aýtdy. Aýaklary diýenini etmän, Rutuň eline özüni taşlapdy. — Meniň ýerim ýok. Jaýym hem ýok. Ne ärim, ne-de ogullarym bar. Bize näme garaşýar?
Gözýaşlaryny zordan saklap, Rut jogap berdi:
— Men bilmeýärin, ýöne näme garaşýandygyna seretmezden, Hudaý bize kömek eder.
Ahyrynda Rut hiç zat diýip bilmedi. Tä dynç almaklary üçin ýer tapýança, onuň özünde hem güýç galmandy.
Olar ýoluň aýlawyndan geçenlerinde, Rut gaýadaky uly gowagy gördi.
— Ýene birnäçe ädim, — diýip, ol Nagomyny ruhlandyrýardy.
Aýallaryň ikisini-de gije gizlär ýaly gowak ýeterlik dereje uly eken.
Nagomy ses bilen ýere ýykylyp, uly daşa arka berdi. Rut egnindäki haltany ýere atyp, ýüzüni çytdy we gaýyn enesiniň ýanynda oturdy. Ol egniniň agyrysyny ýeňilletjek bolup, egnini silkdi.
— Biz depä ýakynlaşandyrys, — diýip, kellesini sowuk daşa degrip aýtdy. — Ertir biz Iýerusalimde bolarys.
Nagomy sesini çykarmaýardy. Ol zordan demini alyp, gözlerini ýumdy, ýadanlygy zerarly onuň ýüzi agarypdy.
Rut ýene-de ýerinden turup, saçak taýýarlady. Ol kişmişli çöregi ikä böldi.
— Iýeniňden soň saňa ýeňil bolar.
Nagomy bir döwüm çörek aldy-da, haýallyk bilen iýip başlady. Gaýyn enesiniň gözlerinde gözýaşlaryň ýalpyldaýandygyny Rut gördi.
— Eger Hudaý islese, onda ertir biz Beýtlahamda bolarys, — diýip, Nagomy ellerini dyzyna goýup aýtdy. — Ol Iýerusalime has ýakyndyr.
Rut ýylgyrdy-da, eliniň aýasy bilen Nagomynyň elini ýapdy.
— Ejejan, sen öýüňe ýakyn gelensiň.
Nagomy gözlerini ýumdy, emma gözýaşlar bireýýäm onuň tozana bulaşan ýaňaklaryndan akýardy. Rut oňa ýakynrak oturdy-da, ony berk gujaklady. Nagomy kellesini gelniniň egnine goýdy we birsalymdan uka batdy.
Güýjüniň hakyky synalmagynyň diňe indi başlanýandygyna Rut düşünýärdi. Gün-günden Nagomy oňa garaşly bolup barýardy. Rut muňa garşy däldi, emma oňa howsala azar berýärdi.
Beýtlahama gelenlerinde, olar bilen näme bolar?
Üçünji bap
Beýtlahama çenli azajyk ýol galanda, ýene-de Nagomynyň öz öýüne barmaklyk islegi güýçlendi. Heniz gün dogmanka turup, aýallar ýola düşdüler. Olar ýoluň iň soňky bölegini geçmelidiler. Nagomynyň güýji täzelendi. Öňküleri ýaly Rutuň ony ruhlandyrmagy wajyp däldi.
— Indi daş däl, gaty daş däl, — diýip, Nagomy aýdýardy.
Gün doganynda, olar Iýerusalimiň golaýyndan geçýärdiler. Beýtlahama girenlerinde, heniz günüň ýary bolanokdy. Şäheriň merkezindäki guýunyň boýunda aýallar üýşdüler. Gülüp we gürleşip, olar hojalyklary üçin suw çekýärdiler. Rut bilen Nagomyny görüp, olar bir ýere jem boldular-da, ýuwaş gürleşip başladylar. Rut Nagomynyň duýgularynyň üýtgändigine üns berdi.
— Gideliň, ejejan. Belki-de, sen olaryň haýsydyr birini tanarsyň, men bolsa, meşigi suwdan dolduraýyn.
Aýallaryň iň garrysy beýlekilerinden aýryldy.
— Bu Nagomy dälmi ahyryn?
Gaşlaryny çytyp, ol gowy saýgarmaýan ýaly edip, başyny galdyrdy.
Rut mähir bilen gaýyn enesiniň elinden tutdy.
— Sizi ýatlaryndan çykarmandyrlar. Beýtlahamda siziň heniz dostlaryňyz bar.
— Bu Nagomy! — diýip, garry aýal oňa ýakynlap, elini uzatdy. — Nagomy, sen geldiňmi?!
Aýallar Nagomynyň ýanyna gelip, uly tolgunma bilen gygyryşdylar. Rut yza çekildi-de, gaýyn enesini ýatdan çykarman, şeýle gyzgyn kabul edendikleri üçin öz içinden Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Belki-de, bu aýallaryň şatlykly garşylamalary Nagomynyň ruhuny galdyrar.
— Nagomy, sen edil uzak ýoly geçene meňzeýäň!
— Bu ähli ýyllaryň içinde sen nirede bolduň?
— Seniň Mowaba gidendigiň hakda eşidipdik.
— Saňa näme boldy?
Rut Nagomynyň halynyň erbetleşýändigini gördi. Gaýyn enesi töweregine göz aýlap, soraga tutýanlardan gaçmaga ýer gözleýäne meňzeýärdi.
— Siziň gatyrlaryňyzy gaňňalap, ähli goşlaryňyz bilen Beýtlahamdan giden günleriňiz meniň ýadymda.
— Size näme boldy?
Rut gaýyn enesiniň kellesindäki pikirler hakda diňe oýlanyp bilýärdi. Nagomy öýünde, Beýtlahamdady, emma onuň iýip-içere zady ýokdy. Ol dostlarynyň arasyndady, emma onuň dostlarynda diňe gynanç bilen bilesigelijilikden başga hiç zady oýarmandygy görnüp durdy. Nagomy üçin gaýgylanyp, Rut näme etjegini bilmedi. Belki-de, ol töweregiň merkezine girip, gaýyn enesini halas etmelidir? Ýa-da bu ýagdaýy beterleşdirermi? Aýallar Nagomynyň töweregine üýşüşip, Ruty arkalarynda galdyrdylar. Hakykatda olaryň hiç birleri-de Nagoma çyndan üns bermedi. Olar oňa duşmançylykly seredýärdiler.
Olar Nagomynyň peýda bolanlygyna geň galandyklaryny gizlemäge synanyşmadylar.
— Seniň adamsyň Elimelek nirede?
— Uzyn boýly we owadan adamdy.
Ýaňy-ýakynda bolup geçen agyr wakalary ýatladyp, aýallar Nagomyny çar tarapdan gurşadylar.
— Seniň ogullaryň bardy. Olar nirede?
— Elbetde, olar Mowapda galandyrlar!
— Mahlon bilen Kiýlon nirede?
Aýallaryň bary bir wagtda gürleýärdiler. Olaryň güýjäp barýan gyzyklanmalary Nagomynyň betbagtçylygy bilen baglady. Rut barada aýdylanda bolsa, olar oňa haýranam galmadylar, masgaralajagam bolmadylar, çünki oňa ýöne üns bermezligi makul bilipdiler. Gelnini Beýtlahamda kabul etmejekdiklerini Nagomy duýdurypdy.
— Meniň halkym saňa edil özge milletli aýal kimin sereder. Emma iň erbedi — olar seniň mowaplydygyňy bilerler.
Rutuň bütin daş-keşbi onuň milleti hakda güwälik edýärdi. Onuň geýimleri bu aýallaryň geýimlerinden tapawutlydy we derisi hem garamtyldy. Köýnegini çalşary ýaly onuň puly ýokdy we mälim bolşy ýaly, derisiniň reňkini-de üýtgetmäge mümkinçiligi ýokdy. Özüni bu adamlaryň kabul etmeklerine wagt gerek bolar.
— Kimdir biri seni öz öýüne çagyrar diýip garaşma, — diýip, Nagomy gelnine aýtdy.
Ýewreý özge milletlini öýüne çagyryp, haram bolup bilmezdi.
— Wah, Nagomy, — diýip, Elimelegiň, Mahlonyň we Kiýlonyň ölümi barada eşiden aýallar bir-birlerine nobat bermän gürleýärdiler, — götermeklik üçin seniň betbagtlygyň gaty uludyr!
Ökünen we aljyraňňylyga düşen aýallar Nagomydan yza çekilen ýalydylar. Belki-de, aýallar Nagomynyň betbagtlygy öz başlaryna düşer öýdüp, olar Nagoma kömek teklip etmäge howlukýan däldirler? Özüne Nagomynyň üns berip, onuň ýanyna barýança Rut märekäniň arasyndan öňe tarap barýardy.
— Meniň adymy Nagomy[5] diýip tutmaň, — diýip, gaýyn enesi ýüzlendi, — maňa Mara[6] diýiň, çünki Gudratygüýçli maňa uly betbagtlyk iberdi, — diýip, Nagomy aglap başlady. — Men bu ýerden dolup-daşyp çykdym, Hudaý bolsa meni boş elli edip dolandyrdy. Eger Gudratygüýçli Hudaý meniň başyma bela iberip, meni ejir çekmeklige mejbur eden bolsa, onda näme üçin siz maňa Nagomy diýýärsiňiz?
Öz gaýgysyny bu aýallaryň paýlaşarlary ýaly, Nagomy uzak wagtlap olardan daşda ýaşan bolaýmagy mümkindir. Aýdýan gowy sözlerine seretmezden, Nagoma teselli bermäge olaryň ýagdaýlary çatmaýan ýalydy. Olar howsala düşen ýagdaýda bir-birlerine bakyşyp, seslerini çykarman durdular. Rut ýene-de öňe ýöredi we Nagomynyň ünsi gelnine düşeninde, onuň ýüzünde ýeňillenme duýgusy peýda boldy.
— Rut, eý Rut, meniň ýanyma gel.
Gelni gaýyn enesiniň ýanyna baranynda, özlerine degmezi ýaly aýallar Rutdan daşlaşdylar. Olar indi Ruta üns bermezliklerini bes etdirip, ony aç-açan we gopbamsylyk bilen synlaýardylar. Onuň ýaňaklary gyzardy. Ilkinji gezek Kirhareşetde peýda bolanlarynda, mowaplylar hem Nagoma şeýle seredäýdimikäler?
— Bu meniň gelnim. Mahlonyň duly Rut, — diýip, Nagomy aýtdy-da, gelniniň elinden tutdy.
Rut Nagomynyň titreýändigini duýdy. Bu gaýyn enesiniň iň gorkan pursatlarynyň biridimikä? Onuň mowaply gelniniň öz dostlary bilen tanyşlygymyka? Nagomy gelninden utanýardymyka? Rut adamlar üçin wajyp bolan subutnamady — Nagomynyň hiç bolmanda bir oglunyň Hudaýdan ýüz öwrüp, özge milletli aýala öýlenendiginiň subutnamasydy. Özi sebäpli gaýyn enesiniň gaty ejir çekýändigi baradaky pikirden Rut özüni gaty erbet duýdy.
— Ol mowaply.
Bu sözler edil nälet ýaly eşidildi.
— Doglanyndan bäri, — diýip, Nagomy aýtdy.
— Ol biziň aramyzda galmak isleýärmi?
Rut özüni hiç haçan hem şunuň ýaly kemsidilen duýmandy.
Nagomy başyny galdyryp, gelniniň elini berk gysdy.
— Hawa, ol şu ýerde galar. Biz onuň bilen bile ýaşarys.
— Ýöne, Nagomy, edýän işiň hakda oýlanaý!
— Rut bolmasa, men diri galmazdym.
— Emma sen indi özüňkileriň arasynda. Özge milletlini yzyna, onuň bolmaly ýerine ugrat. Bu barada kanunyň näme diýýändigini sen bilýänsiň.
Nagomy haýallyk bilen töweregine göz aýlady.
— Müsürden biziň bilen bile müsürliler hem çykypdylar.
— Hawa, seret, olar bize näçe bela getirdiler!
— Özge milletli aýallar Hudaý tarapyndan näletlenendirler!
— Olar biziň erkeklerimiziň ýüreklerini Hudaýdan öwürýändirler!
—
Birsalymlap hemmeler jem boldular, emma özüni bu aýallaryň kabul etmekliklerine sözleriň ýeterli bolmandygyna Rut düşünýärdi. Öz ata-enesini Nagoma, öz halkynyň hudaýlaryny diri Hudaýa çalşandygyna olaryň ynanmaklary üçin Rut oňat durmuş alyp barmaly bolar. Wagt. Munuň üçin wagt gerek bolar.
— Siz hut Pesah baýramyna ýetişip geldiňiz, Nagomy. Seniň ýene-de biziň aramyzdadygyň gaty gowy.
Şu sözler bilen Rut bilen Nagomyny guýunyň ýanynda galdyryp, aýallar öýli-öýlerine dargaşdylar.
Rut ýuwaşja aglaýardy.
— Men seni masgaraladym. Meniň üçin seniň öýüňe dolanmaklygyň gaty agyrlaşdy.
— Ýok, — diýip, ýadan Nagomy seslendi. — Olar meniň şu ýerden gitmezimden ozal nähilidigimi bilýärler. Meniň adamym işinde üstünlik gazanypdy we mende şatlyk üçin sebäp bardy. Men olar bilen bile aýdym aýdyp, gülüşerdim. Indi bolsa meniň nejis ýagdaýym olarda howsalany döredýär. Eger şunuň ýaly betbagtlyk meniň bilen bolan bolsa, onda olaryň özleri bilen hem bolup biler öýdüp gorkýarlar. Bu bolsa rahatlandyrmaýan pikirdir.
— Ejejan, sen ýene-de olar bilen aýdym aýdyp, gülüşersiň.
Nagomy başyny çaýkady.
— Men bu ýerde kimdir birini taparynam diýip oýlamandym, — diýip, ol pyşyrdady. — Emma beýle duşuşyk... — diýip, ol ýere seredip, başyny aşak sallady:
— Hiç kim hem maňa bir döwüm çörek ýa-da bir käse şerap hem hödürlemedi.
— Bularyň bary meniň üçindir.
— Ähli günäni sen öz üstüňe almalymykaň? Men Mowapda ýigrimi ýyl ýaşadym. Men butparazlaryň arasynda ýaşadym, ogullarymyň aýallar edip alan özge milletli gyzlary üçin öýümiň gapysyny açdym. Ýewreýleriň gözleriniň alnynda men hem seniň ýaly haramdyryn. Belki-de, senden-de haramdyryn, çünki men
Nagomynyň gözleri gözýaşlardan doldy.
— Wah, meniň mähribanym. Meniň bar zadym — sensiň. Sen — meniň üçin Hudaýň patasysyň. Rut, Beýtlahamda bizi hiç kim hem kabul etmez. Däp şeýledir. Öz-özümize ýol gurmaly bolarys, — diýende, onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akdy. — Ertir Pesah. Men bolsa ýadymdan çykarypdyryn. Şeýle beýik güni nädip ýatdan çykaryp bildimkäm? Meniň halkymyň iň uly baýramçylygy, men bolsa...
Rut gaýyn enesini gujaklady. Nagomynyň edil kemsidilen kiçi çaga bolşy kimin, Rut ony bagryna basyp, köşeşdireninde, birnäçe aýallaryň gapylarynda durup, özlerine syn edýändiklerini Rut bilýärdi. Nagomy duýgularyny ele alanynda-da, Rut garry aýaly gorajak bolup, ony gujaklamagyny dowam etdirýärdi.
— Saklanarymyz ýaly biz bir ýer taparys. Oňat ukudan soň bolanlaryň bary başgaça, gowy bolup görner.
Rut bukjasynyň töründen pul çykardy. Emma ony myhmanhananyň hojaýynyna teklip edeninde, ol kellesini çaýkady.
— Seniň üçin myhmanhanada ýer ýokdur.
Yzyna dolanyp gelip, Rut Nagomynyň ýadandygyny we ejizländigini gördi. Hakykatdanam, oňa Mara diýse bolardy — Rut özüniň gaýyn enesiniň şeýle gaýgylydygyny hiç haçan-da görmändi.
— Biz ýene ýolumyzy dowam etdireris, — diýip, Rut aýtdy. — Ýol bilen aşak düşsek, ýene bir myhmanhana bolar.
Emma ol ýerde-de olar ýer tapmadylar. Wagt gidýärdi we Rut özleri üçin Beýtlahamda ýer ýokdugyna düşündi.
— Biz eýýäm ýyldyzly açyk meýdanda uklapdyk, — diýip, Rut gaýyn enesi üçin gaýgylanmajak bolup aýtdy.
— Şu ýerden aňyrrakda meniň ärime degişli ýer bardyr, — diýip, şäherden çykanlarynda Nagomy aýtdy. — Ol ýere ýakynrakda gowaklar hem bardy. Çopanlar olary gyş döwründe goýunlar üçin ýatak hökmünde ulanýarlar, emma şu wagt olar goýunlary meýdanda bakýandyrlar. Olar özleriniň sürülerini bakmak üçin, orlan ýerleriň hojaýynlary bilen şertnama baglaşýandyrlar.
Uly gowaklar çopanlaryň maşgalalary tarapyndan eýelenendi. Üns berilmän galdyrylan beýleki gowaklarda bolsa, garyplar ýaşaýardylar. Ýöne şeýle bolsa-da, Rut bilen Nagomy bir boş gowak tapdylar: bu gowak goýunlar üçin ýatak bolary ýaly uly däldi, emma iki ýadaw we ýeke galan aýallary kabul ederi ýaly giňdi. Rut bukjalary açyp, ýatmak üçin düşek oňarýança, Nagomy içeri girdi-de, gowagy gözden geçirdi.
Agyr syýahat gutarypdy, emma gaýyn enesiniň gaýgysynyň özleriniň agyr syýahat döwründäkisinden-de beter we ýiti bolandygyny Rut görýärdi. Watanyndan daşda geçiren ähli ýyllarynyň içinde Nagomy öýüne dolanyp gelip, geýminden başga hiç zatsyz, şeýle garyplyk şertlerde ýaşamaklyk barada arzuw etdimikä? Olaryň azyk harytlary azalyp barýardy we kömek ederleri ýaly garyndaşlary-da ýokdy.
Nagomy gowagyň törüne girip, arkasyny daşa berdi-de, alagaraňkylyga gözüni dikip galdy. Onuň ýüzünde lapykeçlik görünýärdi. Gaýyn enesiniň öňki durmuşyny, ýagny, adamsy we çagalary bilen bu şäherden gitmedik döwürlerini ýadyna salýandygy ýa-da ýokdugy Rut üçin gyzykly boldy. Ökünç we günä duýgusy gaýgylary ýitileşdirýän dälmikä?
«Men bu ýerden dolup-daşyp çykdym, Hudaý bolsa meni boş elli edip getirdi...» — diýip, Nagomy guýunyň boýunda aýdypdy.
Mahlonyň ýaş oglan çagynda bu ýerleriň nähili bolandygyny biljek bolup, Rut gyzyklanma bilen töweregine göz aýlady. Adamsy barada ýatlamalar ony eýeledi. Biçäre Mahlon! Ol gaty ýaşdy we aradan çykanynda bolsa, onuň bilen bile ähli arzuwlar we umytlar hem ölüpdi. Onuň adyny göterjek ogul hem hiç haçan bolmaz. Emma Rut bu barada kän oýlanmaklyga ýol berip bilmez. Bu ýatlamalar Ruty güýçden gaçyrar we ol özüne mätäç bolan Nagoma kömek edip bilmez. Sen kimdir biri üçin gerekli bolup, oňa kömek edip bilseň, bu gaty gowudyr.
Rut uludan demini aldy.
— Ejajan, bahar. Gülleriň yslaryny duýýaňmy?
— Pesah baýramyny bellärimiz ýaly bizde hiç zadymyz hem ýok, — diýip, Nagomy gaýgy bilen aýtdy.
— Men Beýtlahama dolanyp, ähli gerek bolan zatlary satyn alaryn.
— Nämä? Sen eliňi serip, sadaka dilärmiň? Ýa-da sen öz teniňi satarmyň? Olar saňa hiç zat hem bermezler. Olaryň saňa nädip seredýändiklerini gördüňmi? Olaryň nähili hereket edendiklerini özüň gördüň.
— Biziň ujypsyzja pulumyz galdy.
Nagomy Ruta üns bilen seretdi, onuň gözlerinde gözýaşlar peýda bolupdy.
— Bar pulumyz hem gutarandan soň näme ederis?
— Hudaý bize kömek eder.
— Hudaý bizi taşlady! — diýip, Nagomy gowaga göz aýlady. — Ol bizi ýadyndan çykardy!
Ol ýapynjasy bilen başyny örtüp, ajygyp aglady.
Gaýyn enesi bilen bile aglamajak bolup, Rut titreýän dodaklaryny berk ýumdy. Ol mähirli, emma güýçli bolmalydyr.
— Ejejan, biz öýdediris. Biz seniň halkyň arasynda. Hudaý bize
Nagomy kellesinden ýapynjasyny aýyrdy, gözleri bolsa gözýaşlar sebäpli çişipdi.
— Men hatda ýadyma-da salyp bilemok. Mowapda birnäçe ýyl ýaşanymyzdan soň Elimelek Hudaýyň Pesahyny bellemekligini bes etdirdi. Men bolsa munuň bilen hiç ylalaşyp bilmedim.
Rut Nagomynyň ýanynda oturyp, onuň elinden tutdy.
— Sen ýadyňa düşürersiň. Kiçijik gyz çagyňda, Pesah baýramynyň nähili bolandygyny maňa gürrüň ber.
Heniz gürleýärkä, Nagomy köşeşip, ýuwaş-ýuwaşdan ýadyna salyp başlady.
— Bize pesah guzusy, ajy otlar, sogan, şem we däne gerekdir. Pesahdan soňky gün Petir baýramy başlanýandyr. Şonda hemmesi hem ulanylar...
— Bizde hemme zat bardyr.
— Ählisi gutaranyndan soň biz näme ederis?
— Şu günümiz bilen ýaşarys. Geljek hakda Hudaýyň Özi alada eder.
Nagomyy aglap, başyny çaýkady.
— Beýle ynama sen nireden öwrendiň?
Rut gaýyn enesine seretdip, mähir bilen ýylgyrdy.
— Senden. Başga nireden bolsun?
Rut bezegli toý lybasynda Beýtlahama gitdi-de, pullaryň galanyna gerekli bolan zatlary satyn alyp, yzyna dolanyp geldi. Şäheriň içinden geçip, ol meşigi suwdan doldurdy.
Suw üçin pul tölemeli däldi.
* * *
Pesahdan soňky gün Rut Nagoma kakadylan däneleriň soňkusyny berdi.
— Men Beýtlahama gidip, azyk harytlaryndan biraz satyn alaryn.
— Nämä? Bizde hiç zadymyz ýok.
— Mende ine şu bar, — diýip, Rut iki sany altyn zynjyry çykardy.
— Wah, ýok. Olary saňa Mahlon sowgat beripdi!
— Heniz men dirikäm, hiç haçan hem Mahlony ýadymdan çykarmaryn, — diýip, Rut Nagomynyň agaran ýaňaklaryndan ogşady. — Seniň ogluň biziň aç oturmaklygymyzy islärdimi? Dynjyňy alaý. Men mümkin boldugyndan çalt gelerin.
Soňky günleriň içinde Ruta alada azar berdi. Ähli pullaryň gutaryp, satara zat galmanynda, ol nädip Nagomyny idär? Bazara gideninde, Rut Hudaýa dyngysyz dileg edýärdi.
Öz ýagdaýynda beýleki aýallaryň öz tenlerini satýandyklaryny Rut bilýärdi, emma ol beýle masgaralygy öz başyna we Nagoma getireninden ölenini gowy görerdi. Şäher derwezesinde oturyp, sadaka dilemekden başga olarda alaç ýokmuka? Rut ýaş we owadan aýal. Ol özüni gulçulyga satyp, pullary Nagoma berip bilse gerek! Emma ol pullaram gutarandan soň Nagomy bilen näme bolar? Ýok, başga ýol bolaýmaly.
Meşigi suwdan doldurmaga baryp, Rut birnäçe aýallaryň gapylaryny bezeýändiklerini gördi. Ruty birnäçe gezek görendiklerine seretmezden, olaryň hiç biri-de onuň bilen salamlaşmadylar. Meşigini suwdan dolduryp, Rut gowaga dolandy.
— Aýallar öz gapylaryny bezeýärler, — diýip, Rut Nagomynyň ýanyna dolanyp geleninde aýtdy.
— Olar Hasyl baýramyna taýýarlanýarlar.
— Gaty kän baýramçylyk! — diýip, Rut haýran galdy.
Öz içinden bolsa, ol ähli gerek bolan zatlary nädip tapmalydygy hakda oýlandy.
— Meniň ýanymda otur we men saňa Hudaýyň baýramçylyklary hakda gürrüň bereýin, — diýip, Nagomy Ruta ýüzlendi.
Rut gowagyň agzynda günden gizlenip oturdy.
— Biz Hudaýyň dört baýramçylygynyň başlanýan wagtyna laýyklap, Beýtlahama geldik, — diýip, Nagomy gürrüňine başlady. — Ýylda ýedi baýramçylyk bardyr. Biz bireýýäm Pesahy belledik we indi bolsa, alty günlük Petir baýramy başlanýandyr. Arpa — bu dänelileriň iň birinji hasylydyr, ony bireýýäm ýygnap bolýandyr. Şonuň üçin hem aýallar üçünji baýramçylyga — ilkinji hasyl gününe taýýarlanýandyrlar. Adamlar arpanyň baldagyny orup, ony ruhanylara berýärler. Runylar hem ony Hudaýa getirýändirler. Elli günüň dowamynda biz dördünji baýramçylygy — Gyzyl kerwen baýramçylygyny belleýändiris. Ol bugdaý hasylynyň başlanmagy bilen başlanýandyr. Biz bugdaý uny bilen hamyrmaýadan iki çörek bişirýändiris we ruhany bir belentlikde olary Hudaýa hödürleýändir.
Bugdaýyň bahasy gymmatdy. Tolgunýandygyny gaýyn enesine görkezmejek bolup, Rut arkasyna öwrüldi. Özleriniň neneň nejis haldadyklaryny Nagomy bilmeli däldir. Bu ony öňkülerinden-de beter gaýga batyrar.
— Onsoň ýene üç baýramçylyk bolar, — diýip, Nagomy gürrüňini dowam etdirýärdi. — Surnaý baýramy, Günäden saplanma güni we Çatma baýramy.
Nagomy düşündirmegini dowam etdirdi.
Rut Nagomynyň öwredýänleriniň baryny üns bilen diňläp, ýadynda saklamaga çalyşdy, emma jikme-jik gürrüňlerden kellesi aýlanýardy, ýüregi bolsa howsalanypdy. Elli günden baýramçylyga taýýarlyk hakda olara alada etmegiň geregi bolmaz, oňa çenli olar açlykdan ölerler. Rutda satar ýaly zady galmandy we ol pul gazanmaklygyň usulyny-da bilmeýärdi. Hudaý üçin çörek bişirer ýaly bugdaý bolmaz, özleri üçin çörek barada gürrüň etmegiň hem geregi bolmaz.
— Biziň durmuşymyza kanun ýolbaşçylyk edýändir, — diýip, Nagomy aýtdy. — Biz ony bozanymyzda, meniň ýagdaýymdaky ýaly, Hudaý bize jeza berýändir.
Rutuň ýüzüni ýapyp, aglasy geldi. Munuň deregine ol sesini çykarman, öz tolgunmasyny gizläp, ýola üns berip seredýärdi.
Nagomy elini öňe uzatdy.
— Sen bu taşlanan meýdany görýäňmi? Birwagtlar onda bugdaý ýygnalypdy. Elimelek ony agdarypdy we bu ýer oňat hasyl beripdi. Ýeliň, şemalyň astynda bu meýdanyň altyna meňzäni meniň ýadymda. Biz kän hasyl alypdyk. Ýaşaýyş gaty gowudy. Baý hasyl bolan ýyllary Elimelek orakçylar üçin puly gaýgyrmady. Onsoň ol orakçylaryň gaýdyp gelmeklerine ýol bermän, dänäniň baryny özi ýygnady. Ol hatda meýdanyň gyralaryndakylary hem ýygnap, hiç zat galdyrmady, — diýip, Nagomy ýüzüni çytdy. — Ine, belki-de şonuň üçin...
— Orakçylar? — diýip, Rut öňe ymtyldy.
Nagomy ýene-de daşa arkasyny berdi.
— Meýdanyň gyralaryndakylary ýygnamazlygymyzy Hudaý buýrupdy. Meýdanyň gyralarynda ýetişen däneler garyplar üçin galdyrylmalydyr, — diýip, ol tolgunyp aýtdy-da, ýene-de meýdana seredip, oýa batdy. — Ählisi Hudaýyň kanuny boýunça edileninde, hiç kim hem aç bolmaz.
Rut ýeňillik bilen gözlerini ýumdy we başyny egdi.
Ýylgyrdy-da, Rut başyny galdyrdy we uludan demini aldy, ýüregi minnetdarlykdan doldy.
* * *
Aýallar hem öz aralarynda şeýle diýýärdiler...
«Biçäre Nagomy. Onuň gülüp, özüne ynamly bolandygy seniň ýadyňdamy?»
«Hawa, ol özüne
«Elimelek oňa öýlenjek bolanlaryň arasynda ýeke-täk erkek däldi».
«Onuň neneň görmegeýdigi seniň ýadyňdamy?»
«Nagomy menden bir ýaş kiçi we ol häzir gaty garry görünýär».
«We gaty gaýgyly».
«Bu bela sebäplidir. Ol ärini we iki ogullaryny ýitirdi. Wah».
«Oňa Hudaý jeza berýän bolsa gerek».
«Mowapdaky durmuşyndan galany — bu onuň bilen gelen gyzdyr».
«Ol gyz gaty geň görünýär».
«Onuň gözleri gap-gara».
«Siz mowaply gyzlar hakda eşitdiňizmi...?»
«Ýok, sen näme eşitdiň?»
Aýallar üýşüp, geň galyp, agyzlaryny açyp, başlaryny çaýkap pyşyrdaşýardylar.
«Nagomy bu gyzy öýüne, Mawoba ibermelidir. Bize bärde onuň ýalylar gerek däldir».
«Hawa, men ylalaşýan. Emma kim Nagomyny öz ýanyna alar?»
«Ýok, men almaryn!»
«Men öz maşgalamy zordan ekleýärin».
«Mende ýer ýok».
«Onuň bilen näme bolar?»
«Hudaý ol hakda alada eder».
* * *
Ilkinji miweleriň hasyly baýramynyň ertesi güni Rut ýerinden turup, meýdanda galan däneleri ýygnamaklyga Nagomydan rugsat sorady.
— Rut, seni hiç kim hem kabul etmez, — diýip, Nagomy aýtdy.
— Emma kanun rugsat berýändir...
— Kanuny hemmeler ýerine ýetirýän däldir. Meniň ärim we ogullarym...
— Ejejan, men gidip, däne ýygnamalydyryn. Bu ýeke-täk çykalga.
— Men seniň üçin gorkýan. Meýdanda erkekler işleýärler we olar seniň göwnüňe degip bilerler. Mowaply gyzy masgaralamakda olar hiç bir ýamanlygy görmeýärler.
— Onda men aýallaryň ýanynda işlärin.
— Olar hem oňat däldirler. Eger seniň bilen bir zat bolaýsa, onda men näme etmelidigimi bilmeýärin.
Rut gaýyn enesini gujaklap ogşady.
— Hudaýyň özümi gorap, Onuň meniň galkanym bolmagy hakda dileg ederin, — diýip, Nagomynyň gorkan gözlerine seretdi-de, Rut ýylgyrdy. — Belki-de, Hudaý meni rehimli adamyň meýdanyna elter we ol adam meniň däne ýygnamaklygyma rugsat berer.
— Sen habardar bolmalysyň.
— Hökman.
— Hiç kime-de arkaňy öwürme.
— Men seresap bolaryn.
— Bolýar, gyzym, gidiber, — diýip, Nagomy ahyrynda rugsat berdi.
Rut ýol bilen gidip, orakçylaryň işleýän birinji meýdanynda saklandy, emma ol ýerde bary-ýogy birsalym saklandy. Orakçylaryň biri oňa tarap daş oklady. Rut gygyrdy — daş onuň ýaňagyna degdi. Aýallaryň gykylyklary zerarly Rut ol ýerden ylgap gitjek bolup büdredi.
— Mowaply jelep, bu ýerden aýagyňy çek! Gelen ýeriňe dolan!
Ýaňagyndan akýan ganlary saklamaga synanyşyp, Rut ol ýerden daşa gitdi. Beýleki meýdanda işleýän orakçylar hem akgöwünli däldiler.
— Mowaply jelep! Biziň meýdanlarymyzdan git-de, özüň ýalylaryň ýanyna bar!
— Biziň erkeklerimizden hem daşrak dur!
Rut ýene beýleki meýdana baranda, ol ýerde işleýän erkekler höwes bilen oňa seretdiler.
— Meniň gözelim, gelsene bärik, — diýip, gözegçi gygyrdy. — Seniň bilen samanda oýnaşmaga men şat bolaryn.
Beýleki erkekler bolsa gülüşdiler.
Rut ýola ylgap çykdy, ýüzi ot kimin ýanyp barýardy, erkekler bilen aýallar bolsa, onuň üstünden gülýärdiler. Olar ony masgaralamaklaryny dowam etdirdiler.
Rut heniz hasyly ýetişmedik bugdaýly meýdanlaryň gyrasy bilen ýoluny dowam etdirýärdi. Ahyrynda ol ýene bir arpaly meýdana geldi. Bu ýerde erkekler guşaklaryny daňyp, arpa orýardylar. Olaryň yzlaryndan bir aýal orlan arpalary daňyp barýardy. Arpa başlary ýygnaýanlar ýokdy. Ruhdan düşen Rut bu ýagdaýyň meýdanyň hojaýynynyň garyplar hakda edýän aladasynyň şaýatlygymyka diýip, öz içinden oýlandy. Arpa başlaryny ýygnaýanlaryň ýokdugyny Rut bu meýdanyň Beýtlahamdan gaty daş ýerleşeni bilen düşündirip bilýärdi. Ol seresaplylyk bilen töweregine göz aýlady. Meýdanyň hojaýynynyň akgöwünli adamdygy mälimdi, çünki ol özüniň işçileriniň dynç almaklary üçin çatma dikipdi. Meýdanda işleýän käbir erkekler we aýallar aýdym aýdýardylar.
Gorkusyny basyp ýatyryp, Rut çatmanyň ýanynda duran gözegçä ýakynlaşdy. Bu uzyn boýly, berk bedenli, mertebeli adamdy.
Rut ellerini we gözlerini aşak sallap, oňa tagzym etdi.
— Essalawmaleýkim, hojaýynym.
— Näme isleýäň, aýal?
Rutuň ýüregi dürküldäp urýardy we ol ýerinden turup, göni durdy. Erkek ony başyndan aýagyna çenli synlady. Özüniň özge milletli bolanlygy üçin hojaýyn onuň däne ýygnamaklygyna razy bolmazmyka?
— Men orakçylaryň gaçyran arpa başlaryny ýygnama sizden rugsat soramak üçin geldim.
Eger gerek bolsa, onda Rut haýyş etmäge taýyndyr.
Ýüzüni çytyp, erkek onuň haýyşy hakda oýlanyp, sesini çykarman durdy. Onsoň gözegçi başyny yrap, Ruta ýüzlendi.
— Eger sen meýdanyň burçlaryndan we gyralaryndan ýygnasaň, onda şol ýerlerde kän arpa başlaryny taparsyň.
Rut uly ýeňillenmäni duýdy. Ol uludan demini alyp, mähir bilen ýylgyrdy.
— Minnetdardyryn, hojaýynym! — diýip, ol ýene-de tagzym etdi. — Minnetdar!
Erkek oňa şeýle bir ünsli seretdi welin, hatda Rutuň ýüzi gyzaryp, ol çaltlyk bilen ýüzüni aşak sallady.
— Işçilerden daşrak dur, — diýip, ol soňky sözüni aýtdy.
— Bolýar, meniň hojaýynym, — diýip, Rut ýene bir gezek oňa tagzym etdi. — Akgöwünliligiňiz üçin minnetdardyryn.
Ondan daşlaşyp barşyna, Rut özüne hojaýynyň üns bilen seredýändigini duýdy. Rut çaltlyk bilen meýdanyň o çetine tarap gideninde, işçilar oňa üns berdiler. Orakçylaryň yzyndan arpa başlaryny ýygnaýan aýal ýylgyryş bilen Ruta bakdy. Hiç kim hem ony masgaralamady we daş hem oklamady. Işçiler oňa degmediler. Olar ýene-de öz işleri bilen bolup, aýdym aýdyp başladylar.
Minnetdarlykdan dolan Rut rahatlandy-da, işe girişdi. Onuň hiç hili guraly ýokdy we ol ýalaňaç elleri bilen arpa başlaryny aýyrmaly boldy. Tizden elleri gabarçyklardan doldy. Ol sagatma-sagat işleýärdi, şol bir wagtyň özünde bolsa, gün ýakyp barýardy. Ýadawlyk we jowza zerarly gyzyň kellesi aýlandy we ol agajyň kölegesinde oturdy. Biraz dynjyny alyp, ol ýene-de işe girişdi.
Orakçylaryň aýdymlary Rutuň ruhuny galdyrýardy. «Ýer we ondaky ähli zatlar Hudaýyňkydyr... ýeriň we gögüň Ýaradyjysy... bar zadyň Hojaýyny... Ol bizi müsürlileriň gulçulygyndan azat etdi... Onuň ady — Mukaddesdir...»
Rut işleýärdi we aýdymyň sözlerini ýatlap, olar bilen bile aýdyp başlady.
* * *
Diňe bir meýdandan başga ähli meýdanlarynda işiň gidişini Bowaz barlady. Ol ata münüp, ýol bilen gidip barşyna meýdandaky gözegçi bilen işçileri göreninde, olar bilen salamlaşyp, elini galdyrdy. Derwezeleriň alnynda oturýan ýaşulylaryň käbirleri Bowazyň yzyndan başlaryny çaýkap, näme üçin ol meýdanda şeýle kän wagt geçirmeli diýip hasaplaýar diýip, öz-özlerinden soraýardylar. Onuň gözegçileri özlerini ynamdar adamlar kimin görkezdiler. Näme üçin Bowaz olara bütin işleri tabşyryp, dynjyny alman, özine laýyk adamlar bilen gürleşmeýär? Näme üçin onuň hasyl ýygnamaklyga gatnaşmagy halap, hiç haçan hem hasyl baýramçylygyna gatnaşmaýandygyna düşünip bilmeýärdiler.
Ýeriň ýylda dört gezek hasyl berýän döwürlerinde, Bowaz kiçi oglan bolanynda, ol kakasynyň meýdanlarynda işläpdi. Ýurduna açlyk geleninde, Bowaz ýigit ýetipdi we ol şonda hem meýdanda hyzmat çekipdi. Elbetde, hemmeleriň günlerini eklemekleri üçin göreşenlerinde, Bowaz Hudaýyň rehimi arkaly arkaýyn ýaşapdy. Köpleri öz ýerlerini satyp, beýleki ýerlerde oňat durmuş gözläpdiler. Günälerini boýun alyp, Hudaýa dolanmaklygyň deregine, olar umytsyzlyga uçrap, Hudaýdan has-da daşlaşypdylar we tekepbirlik bilen Bagala we Aştarata sežde etmeklerini dowam etdiripdiler.
Elimelek hakykat ýoluny taşlapdy. Bowaz öz doganyny ynandyrjak bolupdy, emma dogany hatda ýakyn garyndaşlarynyň hem maslahatyna gulak asýanlardan däldi.
— Eger çörek bermeýän bolsa, onda bu wada berlen ýerden näme peýda bar?
Özleriniň wepaly bolmandyklary üçin Hudaýyň ysraýyllylary terk edendigine Elimelek düşünmäge ukyply däldi.
— Butlara sežde etmekligiňi bes etdir-de, şu ýerde gal. Öz ogullaryň üçin gowulyk hakda oýlan. Öz ýeriňde zähmet çek. Eger sen Oňa wepaly bolsaň, onda Hudaý hökman saňa pata berer, — diýip, Bowaz dogany Elimelege aýdypdy.
— Wepaly? Men gurbanlyklar getirdim. Men sadakalar hem berdim.
— Hudaý bizden ýumşak ýürege garaşýandyr.
— Eger etmelisini edýän bolsam, onda men näme üçin ötünç soramalydyryn? Mundan maňa näme peýda bolar? Özüňi menden oňat ýehudy hasaplap, wepaly galýaryn diýip oýlaýaň. Menden oňat zadyň — bu seniň ýeriňdir.
Elimelek özüne Hudaýyň berýän patalaryny görmeýärdi.
Bowaz geçmiş hakda oýlanmak islemedi, emma agyr zähmet bilen basyp ýatyraryn diýip hasaplan, bireýýäm ýatdan çykarylan ýatlamalar ýüreginde direldi. Emma bu ýatlamalar daşly diwarda ösýän ýowşana meňzeýärdi. Ýigrimi ýyl mundan ozalky dogany bilen bir-birlerine aýdyşan gödek sözlerini ýatlamaklygyň näme peýdasy bolar? Biriniň öz başyna bela getirmeziniň öň ýanynda, oňa kömek etmekliginiň şowna düşmedik synanyşygynyň agyrysyny we gaýgysyny direltmegiň näme peýdasy bolar? Hatda şol açlyk ýyllarynda-da özüne Hudaýyň nähili pata berendigine Elimelek hiç-de düşünmedi. Elimelek patalydy, emma muny göreri ýaly ol kördi. Bowaz doganyny uzak wagtlap yrdy, emma garyndaşlyk gatnaşygynyň dargamagyndan we özüniň dogany tarapyndan ýigrenilmeginden başga zada eýe bolmady. Bowaz özüniň derwezelerde durup, Elimelegiň Nagomyny we çagalaryny alyp, Beýtlahamdan gidişini soňky ýyllaryň içinden edil şu gün irden bolan waka kimin ýatlaýardy.
Wah, Nagomy, mähriban Nagomy, durmuşdan doly bolan Nagomy...
Özüniň gaýgysynyň çuňlugyny hiç kimiň bilmändigine seretmezden, şol gün Bowaz aglapdy.
Şondan başlap Hudaý Bowaza rehim edipdi we Onuň sowgatlary şeýle bir baýdy welin, hatda tebigy halda mätäçlere hem ýetýärdi. Ençeme ýyllap üstünlik Bowazyň hemrasy bolupdy we ol minnetdarlykdan doludy. Ol hemişe-de özüne gerekli bolanyndan artyk gazanýardy we munuň üçin diňe Hudaýa minnetdar bolmalydygyny ol bilýärdi. Bowazyň ýürek arzuwyny Hudaýyň amala aşyrmandygyna seretmezden, Bowaz şonda-da Oňa alkyş aýdardy. Hudaý — ýeriň we gögüň Hökümdarydyr we adamyň özüniň eýe bolmadyk zadyny sorap, ol sebäpli gaýgylanmaklygy dogry däldir. Durmuşy öz bolşy ýaly kabul edýändiginde Bowaz rahatlanma tapardy we bary üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýärdi.
Aýlawdan soň Bowaz öňünde hasyly ýetişen arpa meýdanyny gördi. Orakçylar işläp, aýdym aýdýardylar. Ol ýylgyrdy. Öz hyzmatkärleriniň diňe günlerini görmekleri üçin işlemän, eýsem edýän işlerinde şatlygy duýmaklaryny Bowaz isleýärdi. Durmuş şadyýan bolmalydyr we öz hyzmatkärleri üçin hem şeýle bolary ýaly, Bowaz elinden gelenini edýärdi. Erkekleriň we aýallaryň işden we iýip-içmekden alýan lezzetlikleri Hudaýyň sowgadydygyna hiç hili şübhe ýokdur.
Meýdanyň iň çetinde bir ýaş aýal işleýärdi. Bowaz ony öň hiç-de görmändi, emma geýminden onuň özge milletlidigine düşündi. Mowaply. Arpa başlaryny ýygnaýanlaryň köpleri şäherden daş bolmadyk meýdanlarynda galýardylar. Näme üçin bu aýal beýle uzaga geldikä? Ol atyny çatmanyň ýanynda daňyp, meýdana howlugyp girdi.
— Salam, Şemeş. Görýärin welin, iş gowy gidýär.
— Hakykatdanam. Hasyl hatda geçen ýyldakysyndan hem oňat.
— O taýda işleýän gyz kim?
— Bu ýaş aýal Mowapdan, ol Nagomy bilen Beýtlahama dolanyp gelipdir. Şu gün irden ol orakçylaryň yzlaryndan arpa başlaryny ýygnamaklygyny menden haýyş etdi. Birsalym şol ýerde dynç almaklygyndan başga bütin wagt ol ýadaman işleýär.
Nagomynyň gelni! Olaryň Beýtlahama dolanyp gelenlerinden biraz wagt geçmänkä, Bowaz olar hakda eşidipdi. Şondan bäri halk bu ýaş mowaply gyz hakda gürrüň edýär.
— Däne ýygnamaklyk üçin ol bu ýere uzakdan gelipdir.
— Beýleki meýdanlarda oňat bolmandygy onuň ýüzünden belli.
Bowaz gözegçä seretdi.
— Diýmek, bu ýere gelmekligi bilen ol gowy edipdir.
Ol elini Şemeşiň egnine goýdy-da, ýylgyrdy.
— Ýaş oglanlar bilen gürleşde, olaryň ol gyzyň göwnüne degmezlerine üns ber.
Bowaz meýdanyndaky beýleki işçilere tarap gitdi-de, olar bilen salamlaşdy.
— Hudaý siziň bilen!
— Goý, Hudaý saňa pata bersin! — diýip, olar jogap berdiler.
Bowaz meýdanyň çetinde işleýän ýaş aýalyň ýanyna baranynda, ol aýal işini bes etdirip, hormat bilen onuň öňünde baş egdi. Ol onuň gözlerine seretmedi, emma edil guluň öz hojaýynyny garşy alşy kimin garşylady. Ol hojaýyna adaty bolmadyk hormat goýdy. Aýalyň elindäki arpa baldaklarynyň tutreýändigini göreninde, Bowazyň ýüregi ýumşady.
— Gyzym, meni diňle, — diýip, ol mähir bilen ýüzlendi. — Bu ýerde biziň bilen galyp, däne ýygna we beýleki meýdanlara gitme. Meniň meýdanymda işleýän aýallaryň yzlaryndan dur. Seret, olar meýdanyň haýsy bölegini ýygnaýarlar we olaryň yzlary bilen gut. Erkekleriň seniň göwnüňe degmezleri hakda men olar bilen gürleşdim. Suwsanyňda bolsa, olaryň guýudan getiren suwlaryndan alyp iç.
Ol geň galyp, hojaýyna bakdy.
— Minnetdardyryn.
Aýalyň ýüzüni ýylgyryş gaty görmegeý etdi.
Onuň gara gözlerine seredeninde, Bowazyň ýüreginde geň duýgy peýda boldy.
— Näme üçin siz maňa beýle akgöwünlisiňiz? — diýip, ol ýakymli ses bilen sorady. — Men bary-ýogy özge milletlidirin.
Onuň bilen özge milletli ýaly hem gatnaşyk edipdiler, ýüzünde bolsa ýara we gan yzlary hem bardy.
— Hawa, men bilýärin. Ýöne, şeýle-de, men gaýyn eneň adamsynyň aradan çykanyndan soň, ol hakda edýän aladalaryňdaky söýgiň we akgöwünliligiň hakda hem bilýändirin, — diýeninde, özüni dolduryp barýan duýgulardan onuň sesi ýogynlady. — Özge halkyň arasynda ýaşamaklygyň üçin öz kakaňy, ejeňi, watanyňy taşlandygyň hakda eşitdim. Onuň ganatlarynyň astynda gaçalga gözläp gelen Hudaýyň bolan Ysraýylyň Hudaýyndan saňa doly sowgatlar bolsun.
Elbetde, Özüne degişli bolanlara Hudaý Özüniň beýik rehimini eçildi. Nagomy bilen hem şeýledi. Indi bolsa bu aýal bilen hem şeýle boldy.
Rutuň ýüzi gyzyl reňke boýaldy.
— Hojaýynym, men seniň rehimiňi saklaryn diýip umyt edýärin, — diýip, Rut jogap berdi. — Özümiň seniň gyrnaklaryň hatarynda bolmasam-da, sen meni rahatlandyryp, ýüregimden tutar ýaly edip gürlediň.
Ýene-de ýara yzlaryna üns berip, Bowaz sorady:
— Seni kimdir biri urdumy?
Rut ýüzüni çytdy, gözlerinde bolsa, howsala peýda boldy. Hereketlerine üns bermän, Rut ýaralary gizlejek bolup elini galdyrdy-da, başyny aşak sallady.
— Diňe bir kiçijik daşjagaz. Ol maňa uly zyýan ýetirmedi. Meniň pikirimçe, muňa garaşaýmalydym.
Eger bu sözler şeýle gatnaşygy üýtgedip bilsedi.
— Bu
— Ýok, bu bärde bolmady, — diýip, Rut howlugyp jogap berdi. — Şu ýere gelinim bäri, hiç kim hem meniň göwnüme degmedi.
Goňşularynyň haýsydyr biri Ruta şeýle gödek bolandygy hakyndaky pikir sebäpli Bowaz utandy.
Bowaz Rutuň özüni howpsuz duýmaklygyny isleýärdi, emma özüniň bu aýala bolan ünsüni onuň ýalňyş düşünmeginden gorkýardy. Ol görmegeý ýaşajyk aýaldy we Bowazdan ençeme ýaş bolan erkekleriň ünsüni kabul edýändigi şübhesizdir.
— Meniň hyzmatkärlerimiň arasynda sen arkaýyn bolup bilersiň. Bu ýerde seniň göwnüňe degmezler.
Bowaz Ruty iş başynda taşlap, ondan aýrylyp gidişine, şeýle gyzy aýallyga alandygy bilen Mahlonyň özüni akylly är ýaly görkezendigi hakda oýlandy. Özge milletli aýallaryň hemmesi ýewreý erkekleri üçin nälet däldiler, olaryň hemmesi öz ärlerini hakyky Hudaýdan butlara sežde etmeklige mejbur etmändiler. Käbir özge milletli aýallar özleriniň ynamlaryna görä Hudaýyň saýlan halkynyň arasynda ýaşadylar.
Şeýle aýallaryň biri onuň ejesi bolan Rahawdy. Ol şäheriň diwarlaryndaky özüniň öýüne iki ýewreý içalylaryny goýberipdi. Hiç zatdan utanman, Rahaw edermenlik bilen özüniň ýewreýleriň Hudaýyna bolan ynamyny aýan edipdi. Şol içalylaryň biri hem Bowazyň kakasy Salmondy. Hudaý onuň ata-enesini ýalkapdy, çünki olar bir-birlerini bütin ömür söýüpdiler.
Muňa garamazdan, Hudaý öz halkyny özge milletliler bilen birikmegiň getirip biljek belalary hakda duýdurypdy. Erkekler aňsatlyk bilen aýallaryň mekirligine girip, Hudaýdan daşlaşýardylar. Emma bu özge milletli aýal kimkä? Elbetde, bu ýaş mowaply aýal Hudaýyň saýlanlarynyň biridi. Mowapdaky durmuşyny terk edip, Nagomy bilen Beýtlahama gelmekligi bilen ol öz ynamyny aýan edýärdi. Bu gyz ynamy çägeli dagdaky daşa meňzeýän Bowazyň ejesine meňzeýärdi. Bowaz Hudaýyň saýlanlaryny olaryň ýewreý halkyna degişliligi däl-de, hut şu ynamyň tapawutlandyrýandygy hakda kän oýlanýardy. Çünki Hudaý hut şu wagt we hemişe-de Özüne degişli boljaklary saýlaýardy.
Ýöne, belki-de, kakasynyň özge milletli aýal bilen guran nikasyny düşündirip, ony aklaýan Bowazyň ýüregindäki köne öýkedir. Hatda ençeme ýyllaryň geçendigine seretmezden, ol henizem kabul edilmezligiň agyrysyny duýýardy. Ýarym kenganly bolandygy sebäpli, birwagtlar ol ýigit hökmünde kabul edilmeklikden mahrum bolmandymy näme? Hudaýyň halkynyň arasynda, diňe Ybraýymyň tohumyndan bolanlary Hudaý dogry adam hasaplaýar, ynam bolsa bary-ýogy saýlanan halka degişli bolmaklygyň netijesidir diýýänler bardy.
Bowaz meýdanyň gyrasynda saklandy-da, däne ýygnaýan ýaş aýala seretdi. Onuň şäherlidigi hakda geýimleri güwä geçýärdi. Ýöne ol bu ýerde, onuň meýdanynda, jöwzada agyr işi ýerine ýetirip, bu mümkinçilik üçin minnetdardy. Näme üçin ol beýle hyjuw bilen işleýärkä? Özüniň gaýyn enesini bakmak üçin. Öz halkynyň arasyndan şu ýaş aýal ýaly, Ybraýymyň neslinden bolmadyk adam üçin şeýle hyzmat edýän biri tapylarmyka?
Bowazyň ýüreginde bir zatlar yrgyldady: hem agyry, hem şatlyk. Şeýle pursady ol näçe ýyldan bäri duýmandy? Bowaz öz üstünden güldü-de, yzyna öwrüldi.
Gynansa-da, Rut gaty ýaşdy, özi bolsa gaty garry.
* * *
Rut öz adyny tutup, bir erkegiň çagyrýandygyny eşitdi. Başyny galdyryp, ol öz çadyrynyň ýanynda durup, eli bilen ýanyna çagyrýan Bowazy gördi.
— Bärik gel we biziň naharymyzdan iý. Eger isleseň, çöregiňi şeraba batyraý.
Elindäki arpalary emaý bilen goýup, çadyra tarap gidende, Rutuň ýüregi sessiz we agyrlyk bilen urýardy. Şeýle hormatly adamyň tozanly geýimli, erbet ysly özge milletli aýaly çagyryp, öz orakçylary bilen naharlanmagyny teklip edenine, Rut gaty geň galdy. Çadyra girmezinden ozal Rut elini ýuwdy. Orakçylaryň bakyşlary sebäpli Rut utandy. Olar üns bilen Ruty aýagyndan kellesine çenli gözden geçirdiler, aýallar bolsa öz aralarynda pyşyrdaşýardylar.
— Men şu ýerde otursam bolarmy? — diýip, Rut eli bilen gyrnaklaryň arasyndaky boş ýere görkezdi.
Hemmelerden ýakynda oturan gyz biraz süýşüp, ýer berdi.
— Eger hojaýynymyň özi çagyran bolsa, onda men «ýok» diýerinmi?
Rut gyzardy. Boşan ýerde oturanynda, Rut gapdalyndaky gyzyň çete çekilendigine üns berdi. Ellerini dyzyna goýup, Rut başyny aşak egdi we gözlerini ýumdy. Bowaz nahar üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Bowaz sözüni gutarandan soň hemmeler ýene-de gürrüňe başladylar. Olar Ruty öz gürrüňlerine çekmek islemediler, Rutuň özi-de olardan muňa garaşmady. Hojaýynyň özüniň hyzmatkärlerine nahar berýändigini görüp, Rut haýran galdy. Rutuň ýanyna gelip, ol oňa iki esse kän berdi. Rut haýran galyp oňa seretdi we özüniň ellerine hojaýynyň ýüzüni çytyp seredýändigini gördi. Rut çaltlyk bilen olary aşak gizledi. Belki-de, ol düzgüni bozýandyr? Gözlerini galdyrmaga gaýrat edeninde, hiç kim hem oňa seretmeýärdi, hemmeler öz gürrüňi bilen meşguldy. Ol gaty açdy. Açlygyny doýurary ýaly Bowaz oňa artygy bilen beripdi. Berlen naharyň ýarysyny Rut Nagomy üçin saklady, onsoň ol bir döwüm çörek aldy-da, ony şeraba batyrdy.
Haýallyk bilen bilesigeliji pyşyrdylar bes edildi, ýaş aýallar edil erkekler ýaly gürleşip, gülüşýärdiler.
Rut gizlinlik bilen öz gözegçileriniň ýanynda oturan Bowaza üns berýärdi. Hormatlydygyna seretmezden, erkekler edil iki dost ýaly gürrüň edýärdiler. Gözegçi ýaş ýigitdi we Bowaz onuň kakasynyň ýaşlaryndady. Bu ýigit gara saçly we gara gözli güýçli erkekdi. Bowaz bolsa görmegeý däldi. Onuň saçlary we sakgaly agaryp başlapdy. Aýaly höweslendireri ýaly onda hiç zat ýokdy. Ýöne onuň akgöwünliligi Ruty özüne çekdirdi. Onuň mähirli aladasy Ruta uly täsir etdi. Bowaz kellesini öwrüp, Rut tarapa seredininde, ol ýene-de gözlerini aşak dikdi. Ol erkegi, esasanda, şeýle hormatly erkegi synlamaly däldir. Rut beýleki tarapa seretdi we ýigitleriň açyk we ünsli bakyşlaryna duşdy. Olaryň biri gyza bakyp, uludan ýylgyrdy. Rut ondan gözüni aýyrdy-da, onuň bakyşynyň özi üçin ýakymly däldigini görkezdi.
Rut nahar başynda kän oturmady-da, meýdanyň o çetine tarap dolanmaga howlukda. Şol ýerde ol gyrnaklaryň gaharyny getirmän, orakçylaryň hem peýdaly bolmadyk ünslerinden gaçar.
* * *
Orakçylaryň meýdana dolanmazlaryndan ozal Bowaz Şemeşi çete çykardy.
— Ýaş ýigitler mowaply aýala üns berýärler.
Şemeş gülümjiredi.
— Dem alyp bilýän her bir erkek hem oňa üns berer.
— Seret, hiç kim onuň göwnüne degmesin.
Gözegçiniň ýüzünden gülki aýryldy.
— Elbetde, — diýip, başyny yrady.
Bowaz elini onuň egnine goýdy.
— Onuň bilen hiç kimiň erbet gatnaşyk etmegine ýol bermejekdigiňi bilýärin, emma hatda meniň hyzmatkärlerimiň arasynda-da mowaply aýalyň bardygy bilen aladalanýan adamlar bar.
— Ýaş aýallar, — diýip, Şemeş aýtdy-da, dodaklaryny berk ýumdy.
Bowaz elini onuň egninden aýyrdy.
— Onuň barmaklaryndaky ýara yzlaryna üns berdiňmi?
Gözegçi ýüzüni çytyp, Rutuň işleýän tarapyna seretdi.
— Onuň hiç hili guraly ýok.
— Gaty dogry aýdýaň. Men gidenimden soň onuň ýanyna bar-da, hyzmätkärleriň yzlaryndan onuň däne ýygnamagyny aýt. Bu ýaş aýala wagt ber we özüni çörek bilen üpjüp etmegine rugsat ber.
Onsoň Bowaz ýanyna ýaş ýigitleri çagyrdy. Olar onuň daşyna üýşenlerinde, ol olaryň her biriniň gözüne seretdi.
— Siziň her biriňiz arpa başlaryny ýygnaýan gyza üns berensiňiz. Onuň ady Rutdur we ol özüniň gaýyn enesi, biziň bolsa doganymyz bolan Elimelegiň aýaly Nagomy hakda alada edýändir. Goý, ol orakçylaryň yzlaryndan arpa başlaryny ýygnasyn, ony saklamaň. Arpa başlaryny onuň üçin galdyryň. Goý, ol olary ýygnasyn we onuň göwnüne degmäň! Onuň üçin edýänleriňiziň baryny meniň üçin edýänsiňiz.
Nesihat alanlaryndan soň, orakçylar meýdana dolandylar. Bowaz bolsa atyna mündi.
— Bowaz, ýaş mowaply hakda gaýgylanma, — diýip, Şemeş aýtdy. — Bary buýruşyň ýaly hem bolar.
Bowaz meýdanlaryna, orakçylara we arpalary baglaýan aýallara seretdi. Ol öz meýdanynda işleýänleriň baryny söýýärdi we olaryň özlerini ejizler bilen mynasyp alyp barmaklaryny isleýärdi. Rut ýeke işleýärdi.
— Belki-de, Hudaý oňa rehim edip, biziň halkymyzdan birini onuň üçin är saýlar, — diýip, Bowaz Şemeşe seretdi we ýylgyrdy. — Goý, Hudaý seniň bilen bolsun, dostum.
Şemeş hem jogap edip ýylgyrdy:
— Seniň bilen hem, hojaýynym.
Bowaz öz meýdanynda işleýän ýaş mowaply aýala seretmeklik isleginden ýüz dönderip, Beýtlahama gidýän ýoldan gözüni aýyrman, atyny çapyp gitdi. Munuň deregine ol özi üçin gymmat bolan aýala we onuň bilen birlikde bu ýaş aýala hem kömek bermeklige mümkinçilik beren Hudaýa minnetdarlyk bildirdi.
Mähriban we durmuşdan doly bolan Nagomy — birwagtlar Bowazyň öz aýaly hökmünde görmek islän gyzy.
* * *
Rut ýerinden turdy-da, daşlaşyp barýan Bowaza seretdi. «Hudaý, maňa we meniň gaýym eneme bolan akgöwünliligi üçin bu adama pata ber. Onuň garran çagynda oňa şatlyk ber».
Rut ýylgyrdy-da, ýene-de arpa başlaryny ýygnamaga başlady.
Onuň ýanyna gözegçi geldi. Rut işlemegini bes etdirdi-de, hormat bilen oňa tagzym etdi.
— Men saňa Bowazyň buýrugyny ýetirmelidirin, — diýdi. — Orakçylaryň ýanynda arpa başlaryny ýygna. Olar saňa degmezler.
Rut Bowazyň atyny çapyp barýan ýoluna seretdi.
— Men hiç haçan-da şeýle akgöwünli adama duşmadym.
— Bowaz ýalylar gaty azdyr, — diýeninde, gözegçiniň dodaklary gaýgyly ýumyldy. — Hudaý seni bu meýdana getirdi. Goý, ol seni geljekde-de gorasyn, — diýip, ol beýleki hyzmatkärler tarapa başyny yrady:
— Olaryň ýanlaryna bar.
Aýallar işläp, aýdym aýdýardylar. «Hudaý meniň galam, meniň gaýam, meniň halasgärim. Ol meniň Hudaýym we men Oňa alkyş aýdaryn. Ol meniň atalarymyň Hudaýy we men Oňa alkyş aýdaryn. Ol urşujy Hudaý, hawa, Onuň ady Biribardyr...» Rut aýdymyň sözlerini çalt ýatlap, olar bilen bile aýdyp başlady. Olar bolsa Ruta geň galyp seredýärdiler. Käbirleri bolsa ýylgyrdylar. Aýallaryň biri arpa başlary alyp, oňa uzatmaklygy makul bildi. Rut minnetdarlyk bilen başyny egdi.
Ol agşama çenli işledi, onsoň arpa başlaryndan däneler urup aýyrmaga başlady. Alnan däneleri görüp, ol Hudaýa ýüzlendi: «Eý Hudaý, Sen maňa şeýle kän däne berdiň!» Şatlanan Rut ýapynjasygyň uçlaryny daňdy-da, ony arkasyna atyp, özüne garaşýan gowakdaky Nagomynyň ýanyna, Beýtlahama tarap ýola düşdi.
* * *
Erkekler hem öz aralarynda gürleşýärdiler...
«Arpa başlaryny ýygnaýan aýala Bowazyň şeýle üns berşini ilkinji gezek görýän».
«Ol hemişe-de olara akgöwünlidi».
«Şu ýere gelmekligi üçin ol aýala edermenlik gerek boldy».
«Meniň pikirimçe, beýleki meýdanlarda oňa bet sereden bolsalar gerek. Sen onuň ýüzündäki ýaranyň yzyna üns berdiňmi?»
«Onuň biziň bir dul aýalymyz üçin arpa başlaryny ýygnaýandygyny bilýäňmi?»
«Ýok».
«Köpler onuň näme üçin bärdedigini bilmeýän bolsalar gerek».
«Oňa daş oklanlary bu aklarmy ahyryn: meýdanda baş ýygnaýanlar hakda kanun anyk aýdýar».
«Şeýle-de, özge milletli aýallar hakda hem anyk aýdýar».
«Bowazyň ejesi hem özge milletlidi».
«Öz işiňiz bilen bolup, bar ünsüňizi oňa bermezligiňizi maslahat berýän».
* * *
Aýallar hem öz aralarynda gürleşýärdiler...
«Erkekleriň arpa başlaryny aýryp, oňa berýändiklerini görýäňmi?»
«Gyz oňat bolanynda, erkekler hem hyzmat ediji bolýandyrlar».
«Meýdandan gitmezinden ozal Bowaz olar bilen gürrüň edipdir. Olaryň bu aýal üçin köpräk däne galdyrmaklaryny buýran bolsa gerek».
«Hatda hojaýyn hem onuň bilen gyzyklanýar. O taýa seret. Görýäňmi?»
«Näme?»
«Şimeý ýene-de oňa seredýär».
«Elbetde, eger sen Şimeýe göz dikýän bolmasaň, onda muny bilmezdiň».
«Ol gyz maňa ýaramaýar».
«Näme üçin?»
«Munuň üçin sebäp gerekmi?»
«Maňa bolsa ol ýaraýar».
«Nädip?»
«Käbirleri bilen tapawutlylykda, bu gyz hyjuw bilen işläp, biderek gürlänok».
* * *
— Gaty kän! — diýip, Nagomy jaýlaryna girip, arkasyndan ýüküni taşlan Ruty garşy almaklyk üçin ýerinden turdy. Gyzjagazyň ýüzi ýylgyryşdan, gözleri bolsa, ýalpyldydan doludy.
— Bu däneleri nireden ýygnadyň? Saňa kömek edeni, goý, Hudaýyň Özi ýalkasyn!»
— Öýe dolanyp gelýänçäm, meni bu adam bilen duşuşdyrany üçin Hudaýa minnetdarlyk aýtdym. Onuň meýdany şäherden daşdyr.
Ýüzündäki ýaralaryň yzlaryny görüp, näme üçin Rutuň şäherden beýle daş gidendigi hakda Nagomy sorap başlady. Ol jogaby eşitmäge gorkýardy.
— Ol meýdanyň hojaýynynyň ady kim?
— Meniň şu gün işlän meýdanymyň hojaýynynyň ady Bowazdyr.
Nagomy iki eli bilen bokurdagyna ýapyşdy:
— Bowaz?
— Hawa, Bowaz, — diýip, Rut gaýyn enesi üçin saklan çöregini alyp, oňa uzatdy. — Ol meni günortan özüniň gyrnaklary bilen hyzmatkärleriniň naharlanýan çadyryna çagyrdy we hemmelere bereninden-de iki esse kän çörek berdi! — diýip, ol bir döwüm çörek aldy. — Onuň ýaly hormatly adamyň özüni peseldip, işgärlerine hyzmat edişi hakda men hiç-de eşitmändim.
Titreýän barmaklary bilen Nagomy çöregi aldy. Beýtlahama dolanyp geleninde, ol hatda Bowaz hakda oýlanmandam. Nagomy ol hakda ýadyndan çykarypdy. Ýa-da, belki-de, Nagomynyň ony ýatlabam, ýatlamajak bolandygynda hakykat bardyr. Bowaz hakdaky pikiriň özi Nagomyny utanja goýýardy. Birnäçe ýyl mundan ozal Bowaz Nagomynyň kakasynyň ýanyna gelip, gyzynyň özüne durmuşa çykmagyny teklip edipdi. Onuň gapydan çykan dessine, Nagomy özüni nähili alyp barypdy! Bowazyň däl-de, Elimelegiň teklibini kabul etmekligi üçin ol kakasynyň öňünde nädip aglapdy!
— Emma ol seniň oňa durmuşa çykmagyňy-da teklip etmedi! — diýip, kakasy gahardan gyzaryp, jogap beripdi.
— Ol teklip eder. Öz kakasy bilen bu hakda gürrüň edendigini maňa onuň uýasy aýtdy.
— Bowaz — ol gaty akgöwünli adamdyr, gyzym.
Hawa, ol şeýle adamdy, emma ol gyz ýüreginiň dürküldäp urmagyna mejbur edýänlerden däldi. Nagomy owadan, uzyn boýly, görmegeý, ýylgyrýan gözli äre barmaklygy isleýärdi. Ol Elimelege barjakdy. Onuň ady «meniň Hudaýym patyşa» diýmekligi aňladýandyr. Elbetde, bu onuň häsiýeti hakda şaýatlyk edýärdi. Bowazyň gözlerinde görýän söýgüsi Nagomyny utandyrýardy. Onuň ünsi Nagomyny utandyryp, onda ýigrenç döredýärdi. Bowaz daşa çekilse bolmazmy? Ol özi ýaly owadan bolmadyk gyzy gözlese bolmazmy?
Bu pikirleriň hiç biriniň-de öz kakasyny Bowaza garşy etmejekdigini Nagomy bilýärdi. Ýöne muňa ýardam berip biljek bir ýagdaý bardy — bu ýagdaý hakda kakasy ýadyndan çykaran bolsa gerek.
— Kaka, Bowaz oňat häsiýetli adamdyr, emma onuň gelip çykyşy sübhelidir.
Onuň ejesi kenganlydy. Ol jelep aýaldy.
Nagomy ellerini aşak sallap, gözlerini berk ýumdy.
— Bu adam üçin Hudaýa alkyş aýt! Goý, Hudaý ony ýalkasyn! — diýip, ol gözýaşlar zerarly titreýän sesi bilen aýtdy.
Nagomy onuň hökümini gazandy, ýöne onuň rehimine duş boldy. Ýaşlygynda Nagomy oňa mynasyp baha bermändi, emma durmuş oňa ýowuz sapak berdi. Indi Nagomy garrap, akyllyrak bolupdy.
Nagomynyň ýüreginde umydyň uçguny peýda boldy.
Haýallyk bilen kellesini galdyryp, Nagomy Ruta seretdi.
— Ol hem saňa, hem-de aradan çykan adamyňa akgöwünlidir.
Nagomy gyzyň gözlerinde ynjalygy gördi. Ýewreý däpleri we Nagomynyň halkynyň kanunlary hakda Rut entek kän bilmeýärdi. Nagomy Bowazyň özlerine bolan borçlaryny gelnine düşündirende, Rutuň hereketleri nähili bolarka? Nagomy Bowazdan başga Hudaýa ýaraýan durmuş bilen ýaşamaga synanyşýan adamy bilmeýärdi. Gynansak-da, ýaş aýalyň ýüregi erkegiň ahlak taýdan häsiýetleri bilen boýun egdirilen ýagdaýlary seýrek duş gelýändir.
— Rut, bu adam biziň ýakyn garyndaşlarymyzyň biridir, ol biziň neslimizi halas etmeli adamlaryň biridir.
— Onuň maňa şeýle akgöwünlidigi geň zat däl.
— Ýok, — diýip, Nagomy gelniniň nädogry düşünmezligi ýaly howlugyp ýüzlendi. — Bowaz diňe öz garyndaşlaryna akgöwünli bolan adamlardan däldir. Ol hemişe-de mätäçlik çekýänler üçin akgöwünlidi.
— Hatda özge milletlilere-de?
— Onuň ejesi kenganlydy. Dogrusyny aýtsam, ol Ýerihoda ýaşan jelep aýaldy, — diýip, Nagomy sözüni dowam etdirende, Rut geň galyp, gözlerini ulaltdy. Nagomy düşündirmäge howlukdy:
— Ol uly ynama eýe bolan aýaldy, emma Bowazyň ýaş oglan çagynda köpler oňa ýigrenç bilen seredýärdiler, çünki onuň damarlarynda garyşyk gan akýardy. Ýewreý gany kakasyndan, kengan gany bolsa ejesinden. Biziň halkymyzyň Hudaýyň wada beren ýerini eýelemezinden ozal, Rahaw Ýeşuga tarapyndan iberilen iki içalyny öz öýünde gizläpdir. Ol Gudratygüýçli Hudaýa ynanyp, öz öýüniň penjiresinden aşak asylgy ýüp arkaly iki ýewreý içalylaryny halas edipdir. Şäher weýran edilende bolsa, olar onuň yzyndan gelip, ony şäherden alyp çykypdylar. Şondan bäri ol biziň halkymyzyň arasynda ýaşapdyr. Şol içalylaryň biri oňa öýlenipdir.
— Onda, belki-de, Bowaz özüniň ejesi üçin maňa akgöwünli bolandyr.
Ýeke-täk sebäbiň munda däldigine Nagomy ynamlydy.
— Hudaýyň saýlanlaryny çagyrýandygyna Bowaz hemmelerden hem gowy düşünýändir.
Eger Özüniň halkynyň arasynda ýaşamaklygy üçin Hudaý Rahawy çagyran bolsa, onda ol ýaş mowaply-duly hem çagyryp bilýändir. Nagomy öňe egildi.
— Ol saňa ýene bir zatlar diýdimi?
Bowaz Nagomyny ýadyna saldymyka?
— Öz meýdanyna ýene gelip, onuň orakçylary bilen hasylyň ahyryna çenli meniň galmaklygymy Bowaz aýtdy.
Nagomy uly ýeňilligi duýdy. Elbetde, eger onuň ýüreginde şol öňki duýgular bar bolsady, onda ol Ruty goldamazdy.
— Bu ajaýyp! Onuň aýdyşy ýaly ediber, Rut. Tä hasyl ýygnamaklyga çenli onuň hyzmatkärleri bilen galyber. Beýleki meýdanlardakysy ýaly däl-de, sen ol ýerde howpsuzlykda bolarsyň.
Nagomy Rutuň getiren Bowazyň çöregini iýeninde, öz-özüne güldi. Ol gelniniň ýekeje-de dänäni ýere gaçyrmajak bolup, seresaplylyk bilen sebede salşyna syn etdi. Olar üçin umyt ýitirilen däl ýalydy. Olar üçin gapy goýlupdy we Rut ol arkaly geljege girip, umydyny täzelemegi üçin olar bu gapyny açmalydylar. Eger Hudaý islese, onda bu gapy Nagomy üçin hem açyk bolar.
* * *
Nagomy daşdaky gaçýan daşlaryň sesi zerarly oýandy. Gün ýaňyja dogupdy, Rut bolsa bireýýäm suwly uly meşigi göterip, yzyna dolanyp gelýärdi.
— Sen ir turupsyň, — diýip, Rut ýylgyrma bilen aýtdy.
— Men şu gün Beýtlahama gidip, özümiň köne joralarym bilen gürleşmek isleýärin.
Rut suwy meşikden uly toýun küýzä guýdy.
— Bolýar. Olaryň sen barada küýsändiklerine men ynamlydyryn we olarda seniň bilen gürleşmäge gürrüňleri bardyr, — diýip, Rut meşigi asdy-da, kellesine ýapynjasyny atdy. — Men garaňky düşmänkä geljek bolaryn.
— Hudaý seniň bilendir, Rut.
Rutuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy.
— Seniň bilen hem, ejejan.
Nagomy ýerinden turdy. Ýorganyny egnine atyp, ol gowagyň çykalgasyna bardy-da, ýol bilen aşak düşýän Ruta syn edip durdy. Ony şeýle gelin bilen Hudaýyň ýalkany gaty geň. Rut Nagomynyň yzyna eýerip, bagtly geljegiň niýetlerinden we olary amala aşyrmakdan boýun towlapdy. Beýtlahama gelip, bu gowakda ýadaw, lapykeç, garry aýal bilen ýaşamaklygy üçin ol Kirhareşetdäki baý durmuşyndan elini üzüpdi. Nagomynyň gelini islän wagty ata-enesiniň baý öýüne dolanyp bilerdi, emma munuň ýerine ol iň garyplaryň garyby ýaly, her gün daňdan işlemäge giderdi. Nagomy ondan ýekeje gezek-de arz ediji sözleri eşitmedi. Her gün agşam Rut oňat habarlar bilen şatlykly, minnetdarlykdan dolup gelýärdi.
Mowaplymy ýa-da ýokdugyna seretmezden, Bowazyň akyldarlygyna eýe bolan adam Rutuň oňat häsiýetlerine hökman beýik baha berer.
Nagomy hyýallarynyň gaty çuňlaşmanka, özüni ele alar we saklanar. Tä baryny anyklaşdyrýança ol Rutuň geljegi hakda çözgüt kabul etmez. Nagomyda Beýtlahama baryp, ol ýerdäki ýaşululary gözläp, olara bir zatlary subut etmeklik niýetleri ýokdy. Ýok, ol howlukman, arkaýyn ýörär. Indi özi bilen Rutuň ýaşara jaýlary we iýmäge çöregi bolanynda, howlukmagyň wajyplygy ýokdur. Adamlaryň Ruta oňatja syn edip, ony gowuja öwrenmekleri üçin wagt gerek bolar... çünki şu wagt ony hiç kim tanaman, oňa hormat hem goýmaýarlar. Nagomynyň gadyrdan gelninden başga owadan aýal barmy näme? Bu umydy Hudaýyň Özüniň Nagomynyň ýüreginde döredenine seretmezden, ilki bilen Onuň ýolbaşçylygyny soramaklyk üçin wagt gerekdi.
Nagomy özüniň soňky ogluny jaýlanyndan bäri ilkinji gezek özünde geljegiň bardygyna we durmuşynyň bolsa, geçmişde galmandygyna göz ýetirdi.
* * *
Aýallar hem öz aralarynda gürleşýärdiler...
«Meniň pikirimçe, ol gowy aýal».
«Çünki ol saňa ýaraýandyr».
«Sen ýöne gabanjaňlyk edýäň, çünki Rimon, Neşer we Tiroş şu gün onuň bilen gürleşmäge synanyşdylar».
«Onuň hiç haçan-da erkekleriň ýanynda işlemeýändigine üns berdiňmi?»
«Hatda ol olaryň bakyşlaryna-da jogap bermeýär».
«Ol Mahlony gaty söýen bolsa gerek».
«Elbetde, ol özüniň gaýyn enesine wepalydyr».
«Meniň ejem Rutuň her gün daňdan işe gitmezinden ozal guýa gelip, suw çekip, gaýyn enesine eltip berýär diýdi».
«Diýmek, ol gaty ir turýandyr».
«Şemeş ondan gözüni aýranok».
«Ähli erkekler hem ondan gözlerini aýyrmaýarlar».
«Eýýäm durmuşa çykan mowapla hiç kim hem öýlenmez».
«Rut bilen gaýyn enesiniň öz günlerini gowakda garaşýandyklaryna seretmek gaty gynançly».
«Olar gowakda ýaşaýarlarmy?»
«Şäheriň daşynda ýerleşen gowakda, ol ýerde çopanlar gyşyna goýunlary saklaýandyrlar. Bilýäňmi?»
«Olar şäherde ýaşaýandyrlar diýip oýlapdym».
«Nagomy wagtyny şäherde geçirýär we joralary bilen duşuşyp, söwda bilen meşgullanýar».
«Onuň adamsyna degişli bolan jaý bilen näme boldy?»
«Nagomynyň adamsy bütin maşgalasyny Mowaba göçirmezinden ozal jaýyny we ähli ýerini satandygy hakda kakam gürrüň beripdi».
«Hemmeler olar hakda gürrüň edýärler».
«Aýratynam Rut hakda».
«Sen gabanjaňlyk edýäň!»
«Men gabanjaňlyk edemok!»
«Onda näme üçin ol saňa hiç ýaramaýar?»
«Özge milletli aýallar biziň erkeklerimizde güýçli gyzyklanmany döredýärler».
«Özge milletli aýallaryň sinagoga barmaklyk däpleri ýokdur».
«Bu aýal prozelit[7] diýjek bolýaňmy?»
«Rut her şenbe güni gaýyn enesi bilen ýygnaga barýandyr we kanuny okaýan ruhanynyň her bir sözüni sypdyrýan däldir. Olar dul aýallar bilen yzda oturýarlar. Ine, belki şonuň üçin hem sen olary ol ýerde gören dälsiň. Ortadaky diwar arkaly Neşere seredip bileriň ýaly, sen öňde durýarsyň».
«Tirsa, sen nädip beýle diýip bilýäň, çünki seniň özüň hem menden gowy dälsiň, günuzyn Lagada göz dikýäň».
«Men başga nädeýin? Ol gaty owadan».
Ýaş aýallar gülki bilen Beýtlahama girdiler.
* * *
— Bowaz öýlenmedikmi? — diýip, geň galan Nagomy aýtdy. Jorasy Sigaldan bu täzeligi eşidende, Nagomynyň ýüreginde günäkärligiň ýiti agyrysy peýda boldy. — Şu wagta çenli özüne aýal tapmaz ýaly, onuň nämesi ýamandyr?
— Hiç zady, — diýip, Sigal degirmene däneleri dökdi. — Onuň aýal gözläre wagty bolmadyk bolsa gerek. Ol bütin ömrüni gazanja bagyşlady. Bowaz beýleki daýhanlara meňzemeýär. Ol her gün meýdanda gezýändir. Eger meýdanda bolmasa, onda derwezelerde oturyp, jedelleri çözmäge kömekleşýär.
— Eger baýlygyňy miras alarlary ýaly ogullaryň bolmasa, onda ol baýlykdan näme peýda?
— Nagomy, heniz ol aradan çykan däldir. Eger öýlenmäge islegi bar bolsa, onda ol henizem özüne aýal tapyp biler. Eger ol öýlenmeklik hakda gürrüňe başlasady, onda atalaryň köpleri oýlanman öz gyzlaryny oňa aýallyga bererdiler. Ol Beýtlahamda iň baý adam boldy.
— Iň ýeke adam hem bolandyr.
Sigal garşy çykdy.
— Ýekelikden kynçylyk çekeri ýaly bu adamyň wagty ýokdur.
— Ýöne onuň öýlenmedigi gaty gynançly.
— Belki-de, ol öz ejesi ýaly güýçli ynama eýe bolan kämil, owadan, akylly aýala garaşýandyr. Käbir erkekler amala aşmaýan arzuwlar bilen gezýändirler.
— Käbir erkekler özlerini söýjek aýala öýlenmeklik isleýändirler.
— Beýtlahamda hemmeler hem Bowazy söýüp, ony hormatlaýandyrlar.
— Meniň aýtjak bolýanym, ýagny, belki-de, ol özüne aşyk bolan aýala garaşýandyr.
— Şübhelenýärin. Söýmeklik üçin wagtyň gerekdigine erkekleriň köpleri düşünýärler. Eger gyz öz adamsyny hormatlaýan bolsa, onda nikanyň bagtly boljakdygyna umyt etmäge ähli esaslar bardyr.
— Sigal, sen akylly aýalsyň.
— Men hemişe-de akyllydym.
Nagomy geň galmagyny bes etdirmedi. Nagomy Bowazyň göwnüne şeýle güýçli degdimikä, hatda Bowaz şondan soň özüne durmuşa çykmaklygy hiç bir aýala-da teklip etmändir? Bu pikir Nagomyny gaýgylandyrdy. Ýok, Bowazyň şu wagta çenli ýeke galandygyna Nagomynyň eden hereketi sebäp däldir. Bir samsyjak gyzjagaz üçin öýlenmeklikden el üzeri ýaly, Bowaz gaty akylly adamdy.
Onuň özünden bu barada soraýmalymyka?
Nagomynyň ýüregi doňdy. Ýok! Hiç haçan! Ony utandyrman, Nagomy Bowaza geçmiş hakda hiç zat aýdyp bilmezdi. Belki-de, şeýle etse, onda Nagomy özüniň geljegini-de howp astyna salar. Birnäçe ýyl mundan ozal özüniň Bowaza ýetiren agyrysyny Nagomy ýumşatmak isleýärdi. Haýsy sebäp bilen Bowazyň öýlenmedigine seretmezden, onuň ýekeligi barada oýlanmaklyk gaýgylydy. Erkek adama ýeke ýaşamaklyk gowy däldi. Galyberse-de, Bowaz ýaly adam ýeke bolmaly däldir. Hudaý ony ýer we baýlyk bilen ýalkady, emma Ol onuň durmuşyny doly edýän aýal bilen ýalkamandyr. Aýal oňa ogullar dogrup bererdi. Adam özüniň hususy maşgalasyna eýe bolmalydyr.
— Birnäçe ýyl mundan ozal gürrüňleriň bardygy meniň ýadymda, — diýip, Sigal degirmeni aýlamagyny dowam etdirip aýtdy. — Sen bilen Bowaz hakda.
Ol Nagoma seredip ýylgyrdy.
— Ol gürrüňler biziň ýörän çägämize barabar gelmez, — diýip, Nagomy jogap berdi. Eger ol gürrüňler direlseler, onda mertebeli adamy kemsiderler. — Men on dört ýaşymdakam, Elimelek meniň kakama galyň beripdir.
— Ähli gyzlar saňa göripçilik edipdiler. Elimelek örän owadandy.
— Elimelegiň ýajy we ýeri satyp, meni çagalarym bilen Beýtlahamdan äkideninde-de olar maňa göripçilik etdilermikä?
Sigal haýran galyp Nagoma seretdi.
Özüniň gödekligi zerarly Nagomynyň ýüzi üýtgäpdi.
— Meni bagyşla, joram. Hatda ençeme ýylyň geçendigine seretmezden, şol günüň ajysy henizem meniň ýadymda.
Sigal degirmeni aýlamagyny bes etdirip, Nagomyny gujaklady.
— Bu ýyllaryň ählisinde men sen hakda oýlandym.
Nagomynyň gözlerinde gözýaşlar peýda boldy.
— Ol ýerde, özge ýurtda ýaşan günlerimiziň her birinde men öýe ymtyldym, — diýip, ol uludan demini aldy. — Emma bulara seretmezden, Hudaý Ruty bermekligi bilen meni ýalkady.
— Hakykatdanam, — diýip, Sigal tassyklady. — Ol seni edil öz ejesi kimin söýýär.
— Eger hatda ol meniň tenimden bolaýanynda-da, men ony şundan artyk söýüp bilmezdim.
— Nagomy, Hudaý ony saňa ýollap, seni ýalkady. Onuň oňat gyzdygy hakda hemmeler diýýärler.
Beýle sözleri eşitmeklik Nagomy üçin ýakymly boldy. Ruta indi «mowaply aýal» kimin seretmeýärdiler. Elbetde, onuň oňat işleriniň Beýtlahamyň ýaşaýjylary tarapyndan ünssüz galmazlygy hakda Hudaýyň Özi aladalanypdy.
Emma bir sorag galýardy: Bowaz olara üns berdimikä?
Dördünji bap
Işiň gidişinden habar almaklygy üçin Bowaz her gün arpa meýdanyna gelerdi. Her gün ol orakçylaryň ýanynda işleýän ýaş mowaply aýala seresaplylyk bilen syn edýärdi. Özüniň ünsi bilen işçileriň arasynda gybatlar döretmezlik üçin ol bu ýaş aýal bilen gürleşmeýärdi. Olar bilen bile naharlanmaga galanynda-da, Bowaz ýaş aýala seretmejek bolýardy. Hiç haçan hem Bowaz şeýle kyn meselä duş gelmändi.
Arpa ýygnamagy gutarypdy we indi orakçylara uzyn we ýetişen bugdaý garaşýardy. Indiki birnäçe günüň içinde däne ýygnalar. Nagomy bilen özi üçin bir ýyla ýeteri ýaly Rut ýeterli däne ýygnadymyka? Olaryň Beýtlahamyň golaýyndaky gowakda ýaşaýandyklaryny Bowaz bilýärdi. Bu gowagyň ýanynda ýerleşen meýdan Bowaza degişlidi. Emma indiki hasyla çenli däne olara ýetermikä?
Bowaz işçilere seretdi.
— Biziň halkymyzyň arasyndan mowaply aýalyň dostlary tapyldymy? — diýip, ol gözegçiden sorady.
— Hemmeler oňa haýran galyp, hormat goýýarlar.
— Bowaz Şemeşden bu hakda soramandy, ýöne onuň sözleriniň manysyna düşündi. Edil özüniň ejesi bilen bolşy ýaly, Ruta hem diňe daşdan haýran galýardylar.
— Ýigitler näme? Bu mowaply kimdir biri bilen aýratyn gyzyklanýarmy?
— Rut hemişe-de gyrnaklaryň arasyndadyr. Erkeklere ol üns bermeýär. Beýleki ýaş aýallardan tapawutlylykda, bu mowaply aýalyň erkekleriň ünsüni özüne çekjek bolýandygyny hiç haçan hem görmedim. Ol gaty ir meýdana gelip, giç agşama çenli işleýär. Ol öz işinden hoşal ýaly. Men onuň gyrnaklar bilen aýdym aýdyşyny eşitdim, — diýip, Şemeş ýylgyrdy. — Rut hemişe-de özüniň minnetdarlyk sözlerini saňa ýetirmegimi soraýar. Näme üçin seniň özüň hiç haçan-da onuň bilen gürleşmeýäň?
— Adamlaryň neneň gepçidiklerini özüň bilýäň, — diýip, Bowaz atyna mündi. — Ol saňa ýaraýar, şeýle dälmi?
— Hemmeler hem bu gyza haýran galýarlar. Bu aýaldan başga şöhrata mynasyp bolan aýaly men hiç haçan hem görmändim. Hatda şäherde-de oňa garşy aýdylan ýekeje-de sözleri eşitmedim, — diýip, Şemeş meýdanda işleýän ýaş ýigitlere seretdi. — Ol gowy aýal bolardy.
Bowaz özüni birden erbet duýdy. Şemeş Ruta aşyk bolaýdymyka? Bu pikirlere geleninde, Bowazyň teni tikenekläp gitdi we duýgy oňa ýaramady. Ol adam bagtyna göripçilik edýärmikä? Ýeke adamyň hatda öz dostlarynyň arasynda-da ýeke bolýandygyny onuň özünden başga kim gowy bilýändir?
— Şemeş, oňat aýal özüniň agramyndan-da agyr bolan altyndan-da gymmatdyr. Ol adamsy üçin täçdir. Bu ýaş aýal islendik erkege hormat goýýandyr, — diýende, Bowaz özüne Rutuň seredip, onsoň çaltlyk bilen gözüni aýrandygyny gördi.
Şemeşiň oňa üns bilen seredip, ýylgyrýandygyny görende, Bowaz gaty haýran galdy. Azajyk ýüzüni çytyp, Bowaz başyny yrady:
— Şemeş, ymtylyşlaryňda Hudaý seni ýalkasyn.
Gözegçi tagzym etdi.
— Goý, Hudaý seniň ýürek arzuwlaryňy amala aşyrsyn.
Beýtlahama gidýän ýol uzyn boldy. Bowaz atyny hyzmatkäre berip, derwezelerde oturan ýaşulularyň gürrüňlerine goşuldy. Ol tä şähere dolanyp gelýän gyrnaklary görýänçä, jedelleri çözmäge kömek edip, şäher işleri bilen meşgul boldy. Olaryň arasynda Ruty görende, onuň ýüregi çalt urup başlady. Ol gyzlar bilen bile ýöräp, olaryň gürrüňlerini diňleýärdi we ýylgyrýardy, emma olaryň gürrüňlerine gatnaşmaýardy. Gapdalyndan geçip barýan Nagomyny görende, Bowaz gaty geň galdy. Ol özüniň gelnini garşy almak üçin derwezelerden daşa çykypdy. Beýleki gyzlaryň Beýtlahama girenlerinde, Nagomy bilen Rut ogşaşdylar-da, salamlaşyp, bir-iki söz aýdyşdylar. Rut bilen Nagomy özleriniň ýaşaýan ýerlerine tarap öwrülenlerinde, gyz Bowaz tarapa seretdi. Ol Bowaza ýylgyrdy-da, hormat goýup, başyny aşak sallady. Nagomy hem oňa seretdi. Bowaz olardan gözüni aýyrdy-da, ýaşulularyň gürrüňlerini diňlemeklige özüni mejbur etdi. Kanunyň haýsy bölegi hakda olar gürrüň edýärkäler? Gözlerini ýumup, ol özüni çuň oýa batan ýaly edip görkezdi. Hakykatda bolsa, ol özüniň dürküldäp urýan ýüregini köşeşdirmäge synanyşýardy.
* * *
Rut Bowazyň meýdanyndan dolanyp gelende, Nagomy her gün ony soraga tutýardy. Ol Rutuň gyrnaklar bilen orakçylaryň arasynda geçiren wagty baradaky gürrüňleri eşitmekden keýplenerdi we Rutuň Bowaz baradaky pikirlerini eşitmek isleýärdi. Emma ol hakda Rut hiç zat diýmeýärdi. Ol iş hakda, şöhratly aýallar hakda gürrüň berýärdi. Käwagtlar Rut olar bilen bile işlän çagynda ýatlan aýdymlaryny aýdýardy.
Indi umyt üçin Nagomyda esas bardy. Şu gün Ruta garaşyp, ol derwezelerde durdy. Bowaz ony görmedi, emma Nagomy Bowaza syn eder ýaly oňaýly ýerde durdy. Ine, gyrnaklar derwezelere ýetenlerinde, Bowaz nädip başyny galdyrdy. Nagomy Bowazyň Ruta üns beren wagtyny anyk aýdyp bilerdi.
— Bowaz meýdana ýygy-ýygydan gelýärmi?
— Bu hepde dört gezek, geçen hepde-de bolsa üç.
Nagomy haýran galyp, öz içinden oýlandy.
— Ol her gezek seniň bilen gürleşýärmi?
Rut kellesini çaýkady.
— Ol maňa ilkinji gezek öz meýdanynda arpa başlaryny ýygnamaklyga rugsat bereninden bäri meniň bilen gürleşmedi. Ol gaty işli adam.
— Hä. Emma saňa ajazyk üns bermez ýaly işli däldir ahyryn.
Rutuň bu sözleri nähili kabul edendigine syn etjek bolup, Nagomy gelnine ünsli seretdi. Özüne Rutuň garşy çykýandygyny görüp, Nagomy hoşal boldy.
— Ýok, ejejan. Bowaz maňa gereginden-de artyk üns berýär. Orakçylara meniň üçin arpa başlaryny galdyrmaklaryny buýrup, ol meniň işimi ýeňil we ýakymly etmedimi ahyryn? Biziň ikimiz-de akgöwünliligi üçin onuň öňünde borçludyrys. Diňe ol sebäpli biz her bir arpa we bugdaý dänesine eýediris.
— Ol saňa ýaraýarmy?
Rut gözlerini gizledi.
— Onuň meýdanynda işleýänlerden artyk däl, — diýip, ol Elimelegiň işlenmedik meýdanlaryna seredip, gowagyň agzynda otyrdy. — Ejejan, näme üçin onuň öýlenmändigine men haýran galýan. Hudaýyň bu adamy baýlyk bilen ýalkap, oňa aýal we ogullar bermändigi düşnüksiz.
Nagomy öz içinden ýylgyrdy.
— Onuň daş-keşbinde özüne çeker ýaly zat ýok, — diýip, Rut geň galyp gaýyn enesine seretdi. Nagomy bolsa, jogap bermäge howlukdy:
— Gynansak-da, ol şeýle görmegeý däl adam.
— Bowaz Mahlon ýaly görmegeý däl, emma men ony owadan däl hasaplamaýaryn.
— Sen ony ilki göreniňde, ol seniň üçin owadan göründimi?
Rut gyzardy.
— Men hiç haçan hem oýlanmadym... — diýip, Rut başyny çaýkady. — Elbetde, ol betnyşan diýip sen hasaplaýandygyňy aýtmarsyň.
— Maňa çörek beren adama betnyşan diýip aýdarynmy? Bu hiç haçan hem beýle bolmasyn! Emma men özümi kör ýaly hem alyp barmak islemeýärin. Bowaz akgöwünli adam we ol ýöne wagyz etmän, eýsem kanuny söýýändir. Emma oňa gyzlaryň ýüreklerini eýeleýän häsiýetler ýetmezçilik edýär.
— Ol hormata eýe bolan adamdyr.
— Meniň oglumy söýmekligiňe hormat seni mejbur etdimi? Eger Mahlon owadan bolman, kiçi boýly we hor bolan bolsa, onda sen ony halarmydyň?
— Ejejan, Mahlon ýöne owadan däldi. Sen ony edil meniňki ýaly bilýänsiň.
— Mähribanym, biz şu wagt nikada ýaşaýan adamlaryň arasynda peýda bolýan söýgi hakda gürrüň etmeýäris. Biz Kirhareşetiň köçelerinden ýöräp barýan Mahlony göreniňde, sende peýda bolan pikirler hakda gürrüň edýändiris. Hudaý meniň ogluma rehimdar boldy. Hiç bolmanda, ol oňat aýalyň söýgüsini bildi, — diýip, Nagomy gaýgy bilen başyny çaýkady. — Biçäre Bowaz.
— Onuň hiç kimi ýok, indi bolsa gaty giç.
Rut howsala düşen ýaly görünýärdi.
— Näme üçin gaty giç?
— Ol garry.
— Eý Nagomy! — diýip, Rut güldi. — Ýüz ýaşyndaka, Ybraýymyň Yshagy dograndygy hakda sen maňa düýn gürrüň beripdiň, Bowaz bolsa, heniz onuň ýaşynyň ýaryny-da ýaşamady.
Mahlonyň bu gyzda jemlenen nähili baýlygy bardy. Eger ol bu gyza ogul beren bolsady, onda Nagomynyň şunuň ýaly tolgunmaklygynyň geregi bolmazdy. Indi bolsa Mahlonyň ady ýitmelidir. Nagomy hereketsiz galyp bilmez.
Nagomy öz adamsyny söýýärdi, emma muňa garamazdan, Elimelegiň Bowaz ýaly däldigini ol hemmelerden hem gowy bilýärdi. Onuň adamsy Hudaýy wadalaryny terk edip, öz watanyny taşlap, öz ogullaryny özge ýurda äkidipdi.
Mowapda Elimelek aradan çykanda, maşgalasy serişdesiz galypdy. Onuň ogullary özge milletli aýallary alyp, Mowapda aradan çykypdylar. Söýgi gözleri bilen Nagomy hakykaty görýärdi. Elimelek Hudaýa garşy günä edipdi we Ondan ötünç soramaklygyň deregine, ol kesirlik edipdi. Üstünlige öz güýjüň bilen ýetip bolar diýip, onuň adamsy ynanardy.
Bowaz bolsa tersinedi: Hudaýyň Özüniň kesir halkyny olaryň butlara sežde edendikleri üçin jezalandyranynda, Bowaz Beýtlahamda galmaklygy makul bilipdi. Ol Hudaýyň wadalaryny yglan edip, Hudaýyň öňünde dogry durmuş bilen ýaşapdy. Hudaý hem bu adamy onuň berk ynamy üçin ýalkapdy. Indi Bowaz Beýtlahamda baý we hormatly adamdy. Ol ýaşulular bilen şäher derwezesinde oturyp, bütin şäheriň ýaşaýşyna täsir edýän kararlar kabul edýärdi. Ol özüniň beýik ornuna guwanýardy. Bowaz beýleki üstünlik gazanmadyk adamlar, hatda mowaply ýaş dul aýal hakda hem ýadyndan çykarmandy.
Elimelek hemişe şol bir zady gaýtalardy:
— Hudaý bizi taşlady we şonuň üçin hem men siz hakda alada ederin!
Bowaz bolsa, öz durmuşynda şeýle diýerdi:
— Meniň idegçim — Hudaýdyr we men Oňa bil baglaryn.
Elbetde, şeýle äriň aýaly ýaşap, şatlanyp ýörerdi. Nagomy bolsa, Rutuň bagtly bolmagyny isleýärdi. Ol özüniň garry gaýyn enesi üçin alada etjek bolup, ähli zatdan geçen mähriban gyzynyň
Emma bir sorag ýüze çykýardy.
Bowaz olaryň garyndaşlaryndan ýeke däldi. Özüne şähere bolan syýahatyndan soň Nogomy özi üçin Bowazdan-da ýakyn bolan bir garyndaşynyň bardygyny bilipdi. Ol adam Bowazdan ýaşrakdy we ol aýallaryň göwünlerinden hem turýardy.
Ol erkek Nagomynyň äri Elimelege meňzeýärdi.
* * *
Rut özüne Nagomynyň Bowaz hakda aýdany sebäpli howsalalanypdy. Ertesi gün meýdana gelip, ol gizlinlikde Bowazy synlaýardy we oňa bolan geň mähirliligi duýdy. Hemmeler-de oňa hormat goýup, ony söýýärdiler, emma bu söýgi kakaňa ýa-da uly doganyňa bolan söýgi ýalydy.
Haýsydyr bir aýal oňa söýgi bilen seretdimikä? Özüniň Mahlony görenindäkisi ýaly, Bowazyň peýda bolanynda-da, kimdir bir aýalyň ýüregi hut şeýle tolgundymyka? Rut muny göz öňüne getirip bilmedi we bu ony gaýga batyrdy. Bowaz näçe ýaşyndaka? Elli? Altmyş?
Biçäre. Onuň baýlygy kändi, emma ondan ömür geçeninden soň näme galar?
Rut Bowazyň Şemeş bilen gürleşýändigine syn edip, onuň nähili mertebelidigi hakda oýlanýardy. Ol haçan bolsa-da, bir wagt gülermikä? Öz meýdanlaryna aýlanman, işgärleriniň ähli zat bilen üpjündigine seretmän, derwezelerde oturyp, jemgyýet üçin wajyp kararlary kabul etmäninde, ol näme bilen meşgul bolýarka? Onuň dostlary bardy, emma ol özüni söýýän aýala ynanyşy ýaly olara ynanyp bilýärmikä? Ol näme hakda arzuw edýärkä? Rut onuň gözlerinde gaýgyny gördi. Özüni ýakynrak bilmeklik islän adamynyň ýokdugy bilen bu gaýgy düşündirilip bilnermikä?
Bowaz Rutuň ünsli bakyşyny duýan bolsa gerek, çünki ol Ruta tarap seretdi. Ruty mähirlik duýgusy doldurdy we ol ýylgyryp, hormat bilen başyny egdi-de, çaltlyk bilen gözüni aşak dikdi. Özüni Hudaýyň şu meýdana, şu adamyň ýerine getirenligi üçin Oňa minnetdarlyk bildirmeklige Rutda esas bardy. Özüne Bowazyň ünsli bakyşyny duýup, ýene gözlerini galdyranynda, ol başga tarapa seredýän eken. Gyrnaklaryň biri olaryň bir-birlerine bakyşlaryna üns berip, bilesigelijilik bilen olara seredýärdi. Öz ýanynda işleýän aýal bilen gürleşip, Rut ýaňaklarynyň gyzarandygyny duýdy. Özüniň hojaýynyna ýerlikli bolmadyk gyzyklanma döredýär diýip, bu aýallar Rut hakda oýlandylarmyka? Ol baý adamdy. Hut şu sebäpli hem köp aýallar onuň duýgulary hakda oýlanmanam, oňa durmuşa çykmaklygy isleýärdiler.
Tolgunan Rut günüň galanynda ünsüniň baryny işe berdi. Özüniň Bowaza bolan gyzyklanmasynyň nädogry düşünilmegini Rut islemeýärdi. Gybatlar ony abraýdan gaçyryp, utandyryp biler. Rut oňa seretmegiň deregine, ol hakda dileg eder.
Rut özüniň arkadagy hakda dyngysyz dileg edýärdi. Bowazyň meýdanynda işläp, ol hemişe diýen ýaly ol hakda oýlanýardy.
Ol hakda näçe oýlanyp, dileg etdigi saýyn, şonça-da onuň akgöwünlidigini açyk görýärdi.
* * *
Nagomy hem gyzgyn dileg edýärdi. Ruta bolan söýgüsi Nagomynyň öz gaýgylaryny ýadyndan çykarmaga mejbur etdirýärdi, ol diňe bir zady — öz gelnini şu gowakdan gowyrak ýerde görmekligi isleýärdi. Nagomy gaýgylanmaklyk wagtynyň gutaryp, näçe kyn bolsa-da, ýene-de täzeden ýaşamaklygyň wagtynyň gelendigine düşündi. Elimelegiň ýalňyşlyklary hakda oýlanmaklygy dowam etdirmän, öz durmuşyna göni we dogry seretmeklik wagty gelipdi. Nagomynyň oýlanlarynyň ýekejesi-de amala aşmandy. Beýtlahama ýeke özi dolanjakdygy hakyndaky pikir bilen ol Kirhareşetden çykmandymy? Emma onuň bilen bile Rut geldi. Uly mätäçlige sezewar bolar diýip oýlamandymy? Emma özüniň gaýyn enesini idemeklik üçin Rut meýdanda işleýärdi. Ähli dostlarydyr garyndaşlarynyň ýa-da aradan çykandyklaryna, ýa-da şäherden gidendiklerine Nagomy garaşmandymy?Emma ol ençeme joralaryny, Bowaz we beýleki garyndaşyny tapdy.
Rut Bowazyň göwnünden turýardy. Bu erkegi köpräk bilmeklige çalşan her kes munuň şeýledigini görüp bilerdi. Nagomy bolsa, Bowazy gowy bilýärdi: gyzyň ýüregini eýelemeklik üçin Bowaz hiç zat hem etmez. Ol özüniň duýgulary hakda aýdanyndan, doly agaryp, ähli saçlaryny ýitirer.
Rut bolsa bütin ömür özüniň garry gaýyn enesi hakda alada eder. Ol bili epilip, göwresi guraýança işlär. Ol Nagomy öz ata-babalaryna gowuşýança, özüni aýaman işlär. Onsoň bu betbagt gyz bilen näme bolar? Nagomy öz öýüni dolandyryp, Hudaý üçin çagalary terbiýelemegiň deregine, Rutuň özgeleriň meýdanlarynda däne ýygnaýşyna syn edip oturarmyka? Ol özüniň gelniniň geljegi üçin hiç bir çäre görmezmikä? Ene maşgala ojagyny goldamaly dälmidir ahyryn? Özünden we Hudaýdan başga kim bu ýaş owadan aýal hakda alada eder?
Diýeliň, Nagomy bir ýol bilen Bowazyň kellesini aýlamaklygy oýlap tapypdyr. Emma Rut muňa özüniň razylygyny berermi? Ol ylalaşmalydyr!
Ertesi günüň dowamynda we gije hem Nagomy Rutuň geljegi hakda, Bowazyň onuň üçin neneň oňat är boljakdygy hakda oýlandy. Bugdaý oragynyň soňy gelende, garry ene bir meýilnama oýlap tapdy. Bu meýilnama Bowazyň ünsüni çekmelidi. Bowazyň muny nähili kabul etjekdigini Nagomy göz öňüne getirende, özi üçin gülkünç boldy. Emma Rut onuň pikirine ynanarmyka? Öz durmuşynda ençeme gezek ýalňyşlyklar goýberen gaýyn enesine gelni gulak asarmyka?
Nagomy özüniň edýän hereketlerine dogry baha berip bilmeýärdi. Ol diňe bir zady bilýärdi: Hudaý baryna ýolbaşçylyk edip, baryny dogry eder. Ol Ruty öz gyzy kimin söýýärdi we onuň bagtly bolmagyny isleýärdi, şeýle-de, ol Mahlonyň mirasdary bolup, onuň neslini dolandyrjak agtyklary isleýärdi. Özüniň ýaş gyz çagyndaky Bowaza ýetiren agyrysyny Nagomy ýumşatmaklyk isleýärdi. Özüne birnäçe çaga dogrup berjek ýaş aýaly oňa durmuşa bermeklik — bu arzuwy durmuşa geçirmegiň oňat usuly dälmidir?
Eger Nagomy ömrüniň köpüsini Elimelegiň yzyna eýerip geçiren bolsa, onda Hudaýdan beýle kän zady soramaklygy dogrumyka?
Dileginde Nagomy öz işleri hakda Gudratygüýçlä gürrüň berdi we indi bolsa, ol jogaba garaşýardy. Musa bagtlydyr, çünki ol Hudaýyň sesini ýanyp duran otdan eşidipdi. Nagomy Hudaýyň anyk jogabyna garaşman, niýetlerini amala aşyrmagyň ýeňil ýoluny bilýärdi, emma ol bu kyn soraglary maslahatlaşar ýaly joralarynyň ýekejesine-de ynanmaýardy. Onuň meýilnamasy Hudaýyň gözüniň alnynda dogrudymy? Eger dogry bolmasa, onda bu Rut üçin näçä durarka?
* * *
Hasyl ýygymy soňuna ýetýärdi we Nagomy öz meýilnamasynyň häzir amala aşmalydygyny, ýa-da hiç haçan hem bolmajakdygyny bilýärdi. Ruty gowuja öwrener ýaly Bowazyň ýeterlik wagty bardy, Rut bolsa onuň hormatyna eýe bolmaklyga ýetişmelidi.
— Gyzym, seniň üçin hakyky öý gözlemekligiň wagty geldi. Men seniň üçin är tapyp, seni ýene-de bagtly aýal etmäge synanyşaryn.
Rut güldi.
— Meniň ýaly aýala kimiň öýlenesi geler?
— Meniň göz öňümde tutýan adamymyň ady Bowazdyr.
—
— Hawa, men bilýärin, ol garry...
— Ol
— Onda owadan däl. Ine, sen näme üçin garşysyň?
— Ejejan, ol Beýtlahamda iň hormatly adamdyr! Ol ýaşulylar bilen derwezelerde oturýandyr! Ol baý adam, onuň ýeri, gullary bar!
— Onda ol hakda oýlanmaga esas bardyr.
Şol bir wagtyň özünde hem şatlyk, hem-de gorkuny duýup, Rut başyny çaýkady.
— Seniň meni söýýändigiňi bilýärin, emma sen öz ogluň duluny gaty ýokary bahalandyrýaň. Meniň Bowaza laýykdygym hakda sen nädip oýlanyp bildiň? Bu gaty biderek pikirdir.
— Sen meniň oglum üçin oňat bolduň we Bowaz üçin hem oňat bolarsyň.
Rut ýene-de däneleri küýzä guýdy.
— Hatda men onuň aýagyna ýykylsam-da, ol maňa üns bermez.
— Bowaz saňa üns bermez diýip, sen çyndan oýlaýaňmy? Hä! Ol saňa bireýýäm üns berdi.
— Özüniň akgöwünliligi bilen.
— Ondan-da artykdyr. Seniň gözleriň barmy? Ol saňa haýran galýar. Gaty uly aralykdan, emma seniň bilen gyzyklanýandygy hak.
— Sen ýalňyşýaň. Ol men hakda öz meýdanynda işleýän her bir adamdan artyk aladalanýan däldir.
— Bowazyň saňa nähili garaýandygyny men kesgitlemäge synanyşdym. Men seniň geljegiň hakda aladalanmaly däldirinmi näme? Seniň meýdandan geleniňde, onuň gözlerine seredip, ählisini okap bolýandyr.
— Ol meni-de ähli hyzmatkärleri kimin garşy alýandyr. Ol: «Hudaý siziň bilen» diýýär.
— Seniň pikiriňçe, elli ýaşly erkek adam ýaş dul-mowaply bilen gyzyklanyp, şol bir wagtyň özünde gybatlar üçin esas berip bilmezmi? Aýallar saňa jelep, oňa bolsa garry samsyk diýerler. Erkekler bolsa... hawa, erkekleriň näme hakda oýlanýandyklary barada gürrüň etmeris. Diňe biziň kanunymyzyň anyk görkezýän ýagdaýlarynda Bowaz batyrgaýlyk bilen hereket edýändir, — diýip, Nagomy öňe egildi-de, Rutuň elinden gysyp, mähir bilen ýylgyrdy. — Emma kanun biziň tarapymyzdadyr.
Rut çekindi.
— Men düşünmeýän.
— Bowaz — biziň ýakyn garyndaşymyzdyr we öz işgärleri bilen arpa başlaryny ýygnamaga saňa rugsat berende, ol gaty akgöwünli boldy. Ol alada edýän we mätäçlere rehim edýän adamdyr. Emma biziň garyndaşymyz bolany üçin, ol biziň neslimizi halas edip biler.
— Neslimizi halas edip?
— Hudaý Öz kanunynda dul aýallar hakda hem aladalanandyr. Bowazyň biziň garyndaşymyz bolandygy sebäpli, ol seni aýallyga alar we Mahlonyň neslini dowam etdirjek ogullary saňa berip, Hudaýyň bize wada beren ýerindäki Elimelegiň mülküni miras alar.
Rut gyzardy.
— Bu adamyň biziň üçin ähli eden ýagşylyklaryndan soň, özüme başga adamyň adyny göterjek ogul bermekligini ondan soraryn? Onuň hususy mirasy näme?
— Eger ol öýlenmän galsa, onda bar zatlar üýtgärmi? Rut, Bowazyň ogullary ýokdur. Olary dogurmaklyga-da umyt ýokdur.
— Seniň pikiriňçe, men... — diýip, gyz sesini kesdi. Onsoň utanç reňkine boýalyp, zordan gürlemegini dowam etdirdi:
— O-ol ýaşulularyň biridir! Elbetde, ol özüniň biziň garyndaşymyzdygyny bilýändir. Emma ol hiç zat teklip etmeýär, çünki öz üstüne bu borjy almak islemeýär.
— Ol teklip ederi ýaly gaty ýuwaş adamdyr. Mähribanym, ol saňa näme diýdi: «Men saňa öz hyzmatymy teklip edýän?» Hiç haçan, goý, ýüzlerçe ýyllar geçsin, emma ol beýle sözleri diýmez, Hudaý hem muňa rugsat bermez. Men Bowazy senden hem gowy bilýärin. Men ony öňden bäri bilýärin, onuň soňabaka nähili bolandygy hakda men joralarymdan bildim. Ol
— Çünki beýle adamyň aýaly bolmaklyga men mynasyp däldirin!
— Ýok. Çünki ol senden otuz ýaşdan-da uludyr. Şeýle-de, eger men ony azajyk-da bilýän bolsam, onda ol başga bir ýaş, owadan we şelaýyn sözläp bilýän bir erkegiň saňa teklip etmekligine garaşýandyr.
Hudaý muňa ýol bermez. Birwagtlar Bowaz gapdala çekilip, Nagomynyň Elimelege barmagyna ýol beripdi, çünki Nagomy Elimelegiň owadanlygyna ymtylypdy. Bowaz ýene-de gapdala çekilip, beýleki garyndaşynyň Ruty aýallyga almaklygyna garaşyp durarmyka? Bowaz hatda sawçy hökmünde bolup biler!
— Eger durmuşy şuňa bagly bolaýanynda-da, Bowaz özüni teklip etmez, — Nagomynyň pikiriçe, hakykatda hut şeýle-de bolýardy. — Bu adam özüniň ýerliksiz teklibi bilen seniň başyňy agyrtmaga gaýrat tapmaz.
Rut ýüzüni çytyp, başga tarapa seredýärdi. Ol ýene-de Nagoma seredende, özüniň aljyraýandygy mälim boldy.
— Rut, men seniň är tapmaklygyňa kömek etmeli däldirinmi? Öz hususy bagtyň üçin sen Bowaza durmuşa çykyp bilermidiň?
Rut uzak wagtlap oýlandy.
— Bilmeýärin.
— Kesgitli ýok diýmeklikden, bu diýýäniň gowudyr, — diýip, Nagomy kanagatlanyp aýtdy. — Bowaz seni bagtly edip biler diýsem, sen maňa ynanarmyň? Ol muňa eýe bolmaklygy üçin elinde gelenini eder, — diýeninde, Nagomy Rutuň gözlerinde gözýaşlar gördi. Gelniniň garşy çykmaga başlamazyndan ozal, Nagomy öz meýlini düşündirip başlady:
— Şu gije Bowazyň harmanda arpa sowurýandygyny men anykladym. Indi bolsa, meniň saňa aýdyşym ýaly et: ýuwnup, bedeniňe atyr çal we iň owadan köýnegiňi geý. Onsoň harmana bar, ýöne seresap bol, agşamlyk nahary gutarmazyndan ozal Bowaz seni göräýmesin. Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujynda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar.
Rut agaryp, gözleri ulalypdy.
— Men şeýle utanç işi edäýmelimikäm?
— Maňa bil bagla, gyzym. Eger sen bu adama durmuşa çykmaklygyňy isleýändigiňi bildirmeseň, onda ol ömrüni ýekelikde geçirer. Şeýle adam ogul dogurman bu dünýäden ötäýmelimikä?
— Seniň bilen näme bolar?
— Meniň bilen? Meniň bilen näme?
— Eger Bowaz maňa öýlense, onda seniň bilen näme bolar? Men seni bu gowakda nädip ýeke galdyraryn?
Nagomynyň ýüregi eredi. Gadyrdan gyz! Rut gymmatbaha daş ýalydy. Nagomy özüniň gelniniň oňat jaýda ýaşaýşyny görmekligi öňküsinden-de beter küýsedi.
— Bowazyň ilkinji gezek seni gören güni, ol saňa iki esse kän çörek beripdi. Ol meni ýeke galdyrar öýdýäňmi? — diýip, ol ýylgyryş bilen başyny çaýkady. — Eger bary meniň Hudaýdan dileýänim ýaly bolaýsa, onda biziň geljege umydymyz bolar. Eger bu meýlimiz amala aşsa, onda bu garry dul aýalyň sizi gudalany üçin däl-de, diňe Hudaýyň isläni üçin bolýandyr.
Rut ýuwaş otyrdy.
— Bolýar, — diýip, ol başyny aşak sallady. — Men seniň aýdyşyň ýaly ederin.
Başyny aşak egip, Nagomy birsalym sesini çykarman durdy we Rutuň howsala düşendigi bilen aladalandy. Rut durmuşynyň — baharyny, Bowaz bolsa — güýzüni gaýgyrýardy. Nagomy gelniniň ýagdaýyna düşünýärdi, emma gelnini Bowazyň bagtly etjekdigine ynanýardy. Muňa garamazdan, garry aýal oýa batdy. Bu Hudaýa ýakymlymyka ýa-da hemişekisi ýaly ol özüniň hususy meýlini oýlap tapdymyka?
* * *
Bowaz eşeklerine arpa baglaryny ýükläp, Beýtlahamyň golaýyndaky harmanyna gitdi. Şemeş bilen ýaş ýigitler arpa baglaryny alyp, ýere taşladylar we iki sany öküz öz yzlarynda agyr agaçlary sürtüp, arpalary döwüp başlady. Bilini daňyp, Bowaz işgärleri bilen bile işleýärdi. Howa döwlen baldaklaryň, öküzleriň, yssy günüň we ýeriň yslaryndan doludy. Ýerde döwlen baldaklaryň uly gaty peýda bolanynda, öküzleri äkitdiler, adamlar bolsa olary ýele sowurýan gurallaryny ellerine aldylar.
Bowaz däneleri ýele sowurýardy. Günortanyň ýeňil şemaly samanlary äkidýärdi, ýere bolsa arpanyň däneleri ýygnalýardy. Bu kyn we agyr zähmetdi. Bowaz gaýta-gaýta guralyny döwlen baldaklary sokýardy. Der onuň ýeňsiz köýnegini ezip, maňlaýynda damja-damja bolupdy. Ol işi birsalym bes etdirip, derleriň gözüne düşmezi ýaly, köýnegini çykaryp, maňlaýyna daňdy. Işine dolanyp gelip, ol Hudaýa öwgi aýdymlaryny aýtmaga başlady, beýleki sesler hem ony goldadylar.
Işiň dowam etdigi saýyn, Bowazyň buýrugy bilen işgärler samany bir ýere ýygnadylar. Bu samanlary olar jaýlary ýylatmaklyk we mallar üçin iým hökmünde ulanýardylar. Işgärler iýip-içmeklik üçin arakesme edip, onsoň ýene-de harmana dolanýardylar. Şemal gutaranda bolsa, işgärleriň käbirleri dokalan halylary ýelpildedip, däneleri samandan aýyrýardylar. Beýlekiler bolsa dänäni elekden geçirýärdiler. Däneler elekden geçip, saman galyndylary bolsa, elekde galýardy we olary taşlaýardylar. Hoşal otlar hem aýrylýardy, çünki olar nahara düşenlerinde, her hili keselleri we baş aýlanmany döredýärdiler.
Hasyl şeýle bir kändi welin, hatda işgärler birnäçe günläp işlemeli boldular.
— Şu gün üçin ýeterlidir! — diýip, Bowaz gygyrdy.
Onuň aşpezleri buglanan et bilen nohutdan ýakymly ysly nahar bişirdiler. Ir-iýmişli jamlar, çörek we çakyr peýda boldy. Halk dynç alyp, aýdym aýdyp, gülüşýärdi, asmanda bolsa ilkinji ýyldyzlar peýda bolupdy.
Ýangyn bolar öýdüp, çyralary ýakmadylar.
* * *
Rut harmanyň ýanynda durup, Bowazyň aýdym aýdyp, gülüp, öz işgärleri bilen iýip-içýändigine syn edýärdi. Asmanda ýyldyzlar ýygtylanlarynda, ol ýakynrak geldi, baýramçylyk bolsa gutarypdy. Bowaz ýerinden turdy we üýşenleriň bary dargaşdylar. Işgärler ýatyp, dynç almaklary üçin ýer gözlegine çykdylar. Ertir irden ýene-de iş başlar. Rut Bowazyň saman kepbesiniň golaýynda özüne ýer ýasaýandygyna syn etdi.
Uly daşlaryň arasynda Rut ýene bir sagatlap gizlendi. Gizlenen ýerinden çykmazyndan ozal, Rut Bowazyň ähli işgärleriniň ýatyp, uklandyklaryna ynamly bolmaklygy isledi. Özüni başgalaryň bu ýerde görmeklerine Rut ýol berip bilmezdi. Özüni abraýdan düşürip, gybatlar ot kimin bütin Beýtlahama ýaýrardy. Bowazyň uklap ýatan ýerine haýallyk we seresaplylyk bilen baranynda, bu pikirler ony gününe goýmaýardy. Ýüregi dürküldäp urýardy.
Ahyrynda Rut Bowazyň ýanyna baryp, onuň aýda ýagtylanan ýüzüne syn edeninde, ony şübheler eýeledi. Häzir Bowaz öz ýaşyndan ýaş görünýärdi, düýşünde ony ähli aladalar taşlapdy. Ol eli bilen kellesini tutup ýatyrdy. Rut titräp, onuň aýagynyň ýanynda dyzyna çökdi-de, seresaplyk bilen Bowazy turuzmajak bolup, onuň örtgüsini çekdi. Rutuň ýüregi howsalalyk bilen urýardy. Ol çaltlyk bilen sessiz onuň aýagynyň ýanynda iki epildi-de, gijäniň sowugynyň Bowazy turuzmazlygy üçin onuň üstüni örtdi. Onsoň özüniň dürküldäp urýan ýüregini köşeşdirjek bolup, uludan demini aldy.
Rut köşeşmäge synanyşdy, emma ol Bowazyň gapdalynda bolup, onuň dem alşyny eşidip, teniniň ýylylygyny duýýarka, nädip köşeşip bilsin? Rut Bowazyň teniniň ýeriň, şepbigiň we arpanyň ysy bilen garyşan ysyndan dem aldy. Ol Mahlonyň soňky aýlarynda ony gününe goýmadyk keseliň we gorknyň ysyny ýadyna saldy. Bowazyň teniniň ysy durmuşyň — agyr zähmetiň, zähmetiň miweleriniň, Hudaýyň özüne beren ýeriniň ysydy.
Rut özünde bu adamyň döreden duýgulary zerarly tolgunyp, gözlerini ýumdy. Ellerini ýaňaklarynyň aşagynda goýup, Rut öz ýüreginiň urşuna, gulaklaryndaky seslere we erkegiň dem alşyna gulak goýýardy. Rut oňa gaty ýakyn ýatypdy welin, hatda Bowazyň aýaklary onuň arkasyna degýärdi.
* * *
Gijäniň ýarynda Bowaz oýandy-da, özüni gorkuzan zat barada oýlanyp, arkaýyn ýatyrdy. Düýş? Ol düýşüni ýadyna salyp bilmedi. Birsalymlap ol gijäniň ümsümligine gulak goýdy, hemme zat rahatdy. Hakykatdanam, töwerekde adatdan daşary ümsümlik höküm sürýärdi. Ol harmanyň beýleki tarapynda hor çekýän işgäriň sesini eşidip, ýene-de arkaýyn ýatdy. Uludan demini alyp, uklamaga synanyşyp, ýene-de gözlerini ýumdy, emma munuň deregine ol doly oýandy — ol howada hoşboý ysy duýdy. Ýüzüni çytyp, Bowaz ysgady. Ýene bir gezek uludan demini aldy-da, beýle ysy öň hiç duýmandygy hakda oýlandy. Bu ys nireden? Belki-de, bu gijäniň şemaly gülleriň yslaryny getirendir? Ýok, bu ys has goýy we duýgularyňy oýaryjydy. Bu ys atyr ysyna meňzeýärdi.
Aýagyny uzadyp, Bowaz kimdir biriniň tenine degdi. Kimdir biri iki epilip, onuň aýagujynda ýatyrdy. Ol birden aýagyny çekdi-de, oturyp, çagyrylmadyk myhmanyň üstünden örtgüni aýyrdy. Jelep aýaldan başga kim harmana gelip bilerdi?
Aýal çaltlyk bilen ýerinde oturyp, oňa tarap ýüzüni öwürdi. Bowazyň onuň ýüzüni saýgarary ýaly gaty garaňkydy.
— Sen kim? — diýip, dodaklary pyşyrdady. Onuň hiç kimi oýarasy gelmedi.
— Men Rut, seniň gyrnagyň.
Bowazyň ýüregi edil agyr çekiç kimin dürküldedi.
—
Rutuň sesi titreýärdi:
— Ganatlaryňy meniň üstüme ýaý, çünki men seniň garyndaşyňdyryn.
Aýaklary Ruta degeninde, Bowazy der basdy. Ol bu aýalyň ýakynlygyndan we onuň aýdan sözlerinden zordan dem alýardy. Öz ýekeliginde isleglerden doly bolan arzuwlara batyp, Bowaz hiç haçan hem Rutdan şeýle haýyşy eşiderin diýip oýlamandy. Bowazyň söýjek, ol hakda alada etjek, öz yzyndan gidip, oňa birnäçe çaga dogrup berjek aýal hakdaky arzuwlaryny Rut bilýärdimikä?
— Gyzym, goý, seni Hudaý ýalkasyn! — diýeninde, onuň sesi içindäki duýgulary sebäpli gysylypdy.
Öz ýüzüni saýgarmaga mümkinçilik bermeýän garaňkylyga Bowaz şatdy. Çünki onuň ýüzi güýçli höwesi we haýran galmany aňladýardy. Özüniň şu ýere gelmekligi bilen Rut özüniň oňa bolan gowy gatnaşygyny görkezýändigine düşünýärmikä? Bowazyň kellesi aýlanýardy. Ol haçan bolsa-da, bir wagt özüniň maşgala gurmaklyk umydyny ýitiripdi. Hudaý Hudaýdyr we sebäbiniň näme bolýandygyna seretmezden, Ol Bowazy aýal bilen ýalkamazlygy çözüpdi. Muňa garamazdan, şu ýerde, gijäniň ýarynda, garaňkylykdaky Rutuň pyşyrdy bilen aýdan birnäçe sözleri Bowazyň aýally we çagaly bolmaklyk umydyny direldipdi. Ol özüni oýlanmaklyga mejbur edýärdi, Rutuň hereketlerine we hakyky niýetlerine düşünmäge synanyşýardy. Elbetde, Rut muny Nagomy üçin edýärdi!
— Baý ýa-da garyp ýaş ýigitleriň yzlaryndan ylgaman, sen bu ýere gelmekligiň bilen öz maşgalaňa bolan wepalylygyňy görkezýärsiň.
— Bowaz, sen maňa hemmelerden-de akgöwünli bolduň. Sen meni öz örtgiň bilen örtersiňmi?
Ol Rutuň sesinde tutreme eşidip, oňa ýakynlaşyp, ony köşeşdirmek isledi. Rut oňa aşyk bolandyr diýse, onda bu gaty dogry gelmezdi, emma Bowazyň ýüregi ilkinji günlerden başlap Ruta ýapyşypdy. Ony aýallyga almaklykdan başga hiç bir erbet niýet etmändi, emma muňa Hudaýyň erki barmyka?
— Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär.
— Emma çözmeli bir sorag bardyr.
— Sorag? — diýip, Rut ýuwaşja soranynda, onuň sesinde howsala eşidildi.
— Dogrudanam men siziň garyndaşlaryňyzyň biridirin, ýöne ýene bir garyndaşyňyz bardyr welin, ol size menden-de ýakyndyr.
— Başga erkek?
Gyzyň sesinde lapykeçlik eşidilendigi şübhesizdi. Ol Bowaza ýakynlaşanda, onuň eli Rutuň aýagyna degdi. Ol derrew elini çekip aýyrdy, emma özüniň teni ot kimin ýanyp ýetişenden çalt däldi. Ahyrynda Bowaz kän garry-da däldi. Öz gürrüňlerini kimdir biri eşitmeýärmikä diýip, Bowaz töweregine göz aýlady. Eger Ruty şu ýerde, harmanda gören bolsadylar, onda onuň başyna nähili bela düşerdi! Eger bu amala aşan bolsady, onda özüniň ýeňilliklere eýe boljakdygy hakyndaky pikirler Bowazyň kellesine duýdansyz geldi.Beýleki garyndaşynda Rutuň päkligi hakda soraglar ýüze çykardy. Ol Rutuň abraýynyň päk däldigine salgylanyp, ol Ruty aýallyga almaklykdan boýun towlardy. Bütin şäher olaryň gybatyny edip, şol gije näme bolandygy hakda çaklamalar çykarardylar. Bu hakda bir ýyl däl-de, uzak wagtlap gürrüň ederler. Bu gyzy neneň küýseýänine seretmezden, Bowaz ony masgaralap bilmezdi.
Eger Ruty masgaralamaga ýol berse, onda Bowaz nädip Hudaýyň öňünde durup biler? Hüşgär bolman, nädogry hereket edendigi üçin Rutuň başyna bela getiren bolsa, onsoň Bowaz nädip onuň gözüne seredip biler? Ýok! Eger hatda ol Ruty başga birine bermeli bolaýanda-da, onuň abraýyny gorap saklar. Bu pikir kellesine gelende, Bowazyň ýüregi saklandy. Dişlerini gyjadyp, Bowaz Ruty özi üçin galdyrmaklyk islegi bilen göreşýärdi. Emma ol kanuna gözlerini ýumup bilermi? Ruty neneň küýseýändigi wajyp däldir, ol Hudaýa gulak asmalydyr.
— Hawa, — diýip, Bowaz Ruta ýüzlendi, — başga garyndaşyňyz bardyr we oňa hem üns bermekligimiz wajypdyr. Gije şu ýerde galaý, ertir bolsa men onuň bilen gürleşerin. Eger ol saňa hossar çyksa, onda, goý, ol saňa öýlensin. Eger beýtmese, onda, Hudaý diridir, men saňa öýlenerin! Häzir bolsa şu ýerde ertire çenli ýat. Harmanda aýalyň bolandygyny hiç kim hem bilmeli däldir.
Rut ýene-de onuň aýagujynda ýatdy. Bowaz onuň barlygyny şeýle ýiti duýdy welin, hatda içi ýanyp barýardy. Ol gyz ýatandyr öýtdi, Rut tarapyndan hiç ses eşidilmedi. Ol gymyldamaýardy. Bowaz oňa ýakynlap, onuň bilen gürleşmek isledi, emma ol ellerini saklap, sesini çykarmady.
Munuň deregine Bowaz dileg edýärdi.
Ýüreginde möwç urýan duýgulary beýan ederi ýaly, Bowaz söz tapmaýardy. Ol Rutuň barlygyna haýran galypdy, ony öz aýaly kimin görmeklige sabyr edip bilmeýärdi. Edil şeýle duýgulary başyndan geçirenine näçe ýyl geçdikä? Nagoma aşyk bolanyndan näçe ýyl geçipdi?
Ruta bolan söýginiň umydy ençeme ýyllaryň içinde ilkinji gezek Bowazyň gorkyny duýmaklygyna mejbur edipdi.
* * *
Mähirli el maňlaýyndan gara saçlary aýranynda, Rut birden oýandy.
—
Ol Rutuň ýanynda dyzyna çökdi. Meýdan bireýýäm ýagtylypdy we Rut Bowazyň ýüzünde ýylgyrmany gördi.
— Henizem hemmeler ýatyrlar, — diýip, Bowaz aýtdy.
Daň atypdy. Işgärleriň biri oýanyp, Ruty görmänkä, ol çaltlyk bilen gitmelidi.
— Ýapynjaňy getir-de, ýere ýaz, — diýip, Bowaz aýtdy.
Rut onuň yzy bilen arassalanan arpa tarap gitdi.
— Men seni öýüňe sowgatsyz iberip bilmerin, — diýip, ol Rutuň ýapynjasyny däneden doldurdy. Onsoň uçlaryny daňdy-da, Rutuň arkasyna atdy:
— Nagomy üçin.
Onuň eliaçyklylygy Ruty haýran galdyrmaklygyny bes etdirenokdy. Ondan artygyny Rut göterip bilmezdi.
— Minnetdardyryn, — diýip, Rut pyşyrdady-da, erkege seretdi.
Olaryň gözleri gabat geleninde, edil Rut bu adamy öňdenem bilýän ýalydy we olaryň arasynda nähilidir bir baglanyşyk bar ýalydy. Bowaz Ruta onuň owadanlygy üçin edil erkegiň aýala adaty bolşy ýaly seretmeýärdi. Ol Ruta edil onuň bireýýäm özüne degişli bolany ýaly seretmeýärdi. Bowazyň gyzdan gözüni aýyrman, onuň ýüzüniň her bir häsiýetini öwrenişi, Rutuň ýüregini çaltlyk bilen urmaklyga mejbur etdi. Hormaty boýunça özünden ençeme esse beýik bolan bu adamyň özüni isleýändigine düşünip, Rut gözlerini ýumdy.
Bowaz oňa elini uzadanynda, Rut saklanyp demini aldy.
Özüne onuň eliniň degmegine arkaýynlyk bilen Rutuň garaşýandygyna seretmezden, Bowaz elini aýyrdy. Onuň ýylgyrşy edil atanyňky ýaly, sesi bolsa terbiýeleýji boldy.
— Bary Hudaýyň erki boýunça bolar.
* * *
Rutuň gözden ýiteni dessine, Bowaz Şemeşi turuzdy.
— Men şähere gitjekdirin. Haçan geljegim belli däldir.
Şemeş ýerinden turdy.
— Näme boldy?
Bowaz elini onuň egnine goýdy.
— Ýok, dostum, bary ýerbe–ýerdir. Bir iş bar we ol hakda men şu gün irden aladalanmalydyryn. Ol garaşýan däldir.
Bowazyň öz hereketlerini düşündirmäge niýeti ýokdy. Ol Rutuň harmana gelenligi hakda kimdir biriniň çaklamalary düzmekligini islemeýärdi. Şu günüň ahyrynda Rutuň adamsy bolar we ol adamyň hut özi bolmaklygy üçin Bowaz elinden gelenini eder. Muny başaryp bilmekligi diňe Hudaýa baglydyr. Ol Şemeşiň egnini berk gysdy.
— Dostum, men hakda dileg et. Meniň isleglerimiň Hudaýyň niýetlerine laýyk gelmekligi hakda dileg et.
Birsalymlap Şemeş ýüzüni çytdy, ýöne çaltlyk bilen jogap berdi.
— Goý, ähli ýagdaýlarda-da Hudaý saňa akyldarlyk bersin.
— Goý, seniň sözleriňi Hudaý eşitsin.
Bowaz Beýtlahama gidýän ýola düşdi, onuň kellesinde bireýýäm ýetişen meýilnamalar bardy.
* * *
Rut gün dogmanka öýüne dolanyp geldi we Nagomynyň ýatman, özüne garaşýandygyny göreninde, haýran galdy.
— Sen maňa bütin gije garaşdyňmy?
— Şeýle gije men uklap bilerdimmi? Mähribanym, näme boldy?
Şatlyksyz ýylgyryp, Rut däneli ýapynjasyny ýerde goýdy.
— Ejejan, heniz sorag çözülen däldir. Biziň başga bir ýakynrak garyndaşymyzyň bardygy hakda Bowaz aýtdy, — diýip aýtdy-da, özüniň bu täzelik sebäpli howsalalydygyny Nagomynyň görmezligi üçin ters öwrüldi. — Emma Bowaz gaýgylanmazlygy buýurdy, ol ählisi hakda aladalanar. Eger ol adamyň maňa öýlenmedik ýagdaýynda, özüniň maňa öýlenjekdigini Bowaz aýtdy. Maňa öýlenjekdigine Bowaz Hudaýyň adyndan ant içdi, — diýip, Rut birden gözlerinde peýda bolan gözýaşlary gizläp bilmedi. — Eger ol hiç zat edip bilmän, men hem ol adama durmuşa çykmaly bolsam näme bolar? Hatda men onuň kimdigini-de bilmeýärin!
Ýüzüni çytyp, Nagomy elleri bilen kellesini tutup durdy.
Rut ýaňaklaryndaky gözýaşlaryny süpürip, gaýyn enesine üns bilen seretdi.
— Sen bu hakda bilýärdiň, şeýle dälmi? Sen başga garyndaşyň hakda bilibem, meni Bowazyň ýanyna iberdiň, şeýlemi?
— Men sende iň oňat adamyň bolmagyny isledim.
— Ol nähili adam?
— Ol ähli adaty erkekler ýaly adamdyr, emma ol meniň seniň üçin är hökmünde görýän adamym däl.
— Wah, ejejan. Meniň ýa-da seniň isleýändigiň näme manysy bar? Indi bize hiç zat hem bagly däldir.
Rut möňňürip aglady. Ol özüniň harmana barandygy üçin ökündi:
— Biziň özümiz günümizi görýän dälmidik? Biz hakda Hudaý günde aladalanýan däldimi näme?
Nagomy gelnini gujaklady.
— Mähribanym, tolgunma. Bowaz saňa öýlenmek isleýändir!
— Sen munuň şeýledigini nädip bilýäň?
Bowazyň gözlerinden okalýan duýgular barasynda Nagomy ýalňyşan bolsa gerek.
— Bulara seret! Barynyň nähili gutarýandygynyň özi üçin parhy bolmaýan bolsa, Bowaz saňa şeýle kän däne berermidi? Näme boljakdygyny anyk bilýänçäk garaş, gyzym. Bu iş gutarýança ol adam rahatlanmaz. Ol şu günüň özünde ony oňarar.
* * *
Bowaz öz öýüne ýetýänçä, şäheriň köçeleri boýunça çalt ýöräp gitdi. Birnäçe hyzmatkärler bireýýäm oýanyp, hojalygyň işleri bilen meşguldylar. Öýde tertiplilik höküm sürýärdi, çöregiň ysy-da gelýärdi.
— Abyzemmer, meniň üçin suw getir we Ysmaýyl meniň täze köýnegimi, donumy we guşagymy getirsin.
Bowaz oňatja ýuwnup, täze köýnegini geýdi. Başyny örtgi bilen örtüp, ol dogry zatlary etmekligi üçin Hudaýdan akyldarlyk we güýç sorady. Ol Hudaý bilen gürleşende, hiç-de howlukmady, emma gün ýokary galýança, öz otagynda galdy. Ol işiň dürli netijesi bilen ylalaşmaga taýyn däldi.
Içki otagdan çykyp, Bowaz öz aralarynda pyşyrdaşyp, bir ýere üýşüşen hyzmatkärlerini gördi. Olar howsalalyk bilen oňa seretdiler.
— Ysmaýyl, mende seniň üçin ýumuş bar, — diýip, ol beýleki hyzmatkärlerine ýylgyrdy:
— Bary ýerbe-ýerdir. Işli-işiňize dolanyň.
Olar boýun boldular, emma Bowaz olaryň bilesigelijilikden doludyklaryny görýärdi. Bowaz gaýgy bilen ýylgyrdy. Adatça olaryň hojaýyny şu günküsi ýaly öýe ylgap girmeýärdi. Olaryň tolgunýandyklaryna geň galar ýaly däldi. Olar Bowazyň ýadaw halda, tozanly, diňe ýuwnup, dileg edip, ýatmaga ukyply ýagdaýda gelýändigini görmäge öwrenişipdiler. Hemme günler hem birdi.
Emma bu gün aýratyn gündi!
Bowaz özüniň oňat dostlary we ähli işde özlerini dogryçyl görkezen adamlaryň onusynyň adyny Ysmaýyla aýtdy.
— Olaryň meniň bilen şu gün şäheriň derwezelerinde duşuşmaklaryny haýyş et.
Olaryň aglabasyny sinagogadan tapmak kyn bolmaz. Olar özleriniň gündelik işlerine başlamazlaryndan ozal, ýygy-ýygydan irden şol ýerde duşuşardylar. Käbirleri bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň jedellerini çözmäge kömek edip, bireýýäm derwezelerde oturan bolmaklary mümkindir.
— Olar bilen duşuşanyňdan soň, Nagomy bilen mowaply Rutuň ýanyna git. Olaryň ýaşaýan ýeri...
— Olary nireden tapmalydygyny men bilýändirin, jenabym.
— Bolýar. Eglenmän olary derwezelere getir.
Bowaz Nagomy bilen Rutuň garyndaşyny tapmaklyk üçin bazara gitdi.
Bowaz ol adam hakda kän bilýärdi, emma şonda-da gürrüňler esasynda karar kabul etmeklik islemedi. Bowaz bu adamyň häsiýetini synary ýaly edip, oňa Rutuň işini aýan etmäge niýetlenipdi. Bowaz satyjylaryň çadyrlarynyň arasyndan geçip gidip, Elimelegiň dogany, Obediň ogly Rişony tapdy. Rişon birnäçe satyjylar bilen gürleşýärdi, onuň aýaly bolsa, bir garry aýalyň sebedine toýun küýzeden däne salýardy. Iki aýalyň arasynda dawa turdy. Gaharlanan Rişon olara tarap öwrüldi-de, garry aýala bir zatlar diýip, sabyrsyzlyk bilen elini bulaýlady. Ol aýal bolsa, gaharly we närazy halda yzyna öwrüldi.
Doňup galan Bowaz birsalym durdy-da, haýallyk bilen demini alyp, öz içinden oýlandy. Onuň şaýat bolan ýagdaýy adaty ýagdaýdy. Geljek gürrüň üçin Bowaz güýjüni aýamalydyr. Rişonyň çagalary onuň aýaly bilen bile çadyrdadylar. Bowaz çagalaryň üçüsini sanady we ýene bir bäbegi Rişonyň dul galan ejesi elinde göterip durdy.
— Rişon, — diýip, Bowaz oňa ýakynlaşman çagyrdy. Ol Bowaza seredeninde, Bowaz ony öz ýanyna çagyryp, elini bulaýlady:
— Bärik gel, dost. Men seniň bilen gürleşmek isleýän.
Ol onuň bilen etjek gürrüňiniň özi üçin kän bir wajyp däldigini görkezjek bolup, adaty ses bilen gürledi.
Rişon bada-bat geldi, onuň ýüzi biraz utanan we biraz günäkär ýaly görünýärdi.
— Ol aýaly sen görensiň öýdýän. Ol hemişe-de özüne berlenden kän zada garaşýar.
Özüni aklamaklyk sözlerini saklap, Bowaz elini galdyrdy.
— Men seniň bilen başga iş hakda gürrüň etjek.
Rişonyň ýeňilligi duýandygy bada-bar göründi.
— Başga iş hakda? Nähili iş?
— Ýör, gideli, — diýip, Bowaz eline uzatdy. — Salkynrak ýerde oturaly.
Olar şäher derwezeleriniň kölegesinde oturanlarynda, Bowaz onuň ünsüni özüne çekdi. Rişon onuň ýanynda oturdy. Bowaz derwezelerde üýşüşen on erkegiň adyny tutdy.
— Şu gün şu ýerde çözüljek zatlaryň şaýatlary bolmaklyga siz razymy?
Erkekler razylaşyp, Bowaz bilen Rişonyň öz aralarynda kabul etjek çözgütlerini diňlejek bolup, olar ýakynrak süýşdüler.
Rişon ýüzüni çytyp, töweregindäkilere seretdi-de, ýene Bowaza bakdy.
— Bu nämeni aňladýandyr, Bowaz?
Bowaz seresaplylyk bilen töweregine göz aýlady-da, kölegede duran Nagomyny gördi. Onuň arkasyndaky Ruty göreninde, Bowazyň ýüregi çaltlyk bilen urup başlady. Onsoň ol ýene-de Nagoma seredeninde, Rutuň gaýyn enesi ellerini ýüregine goýdy-da, ýeňillik bilen ýylgyryp, başyny yrady.
— Sen Nagomyny bilýänsiň, — diýip, Bowaz eli bilen Nagoma görkezip aýtdy.
Rişon garry aýala seredip, uludan ýylgyrdy we ony tanandygyny görkezip, başyny yrady we ýene-de Bowaza ünsüni berdi.
— Mowapdan dolanyp gelen Nagomy, — diýip, Bowaz sözüni dowam etdirdi.
— Hawa, men eşidipdim.
— Ol seniň garyndaşyň Elimelege degişli bolan ýeri satýandyr.
Rişonyň gözleri ulaldy, çünki ol gowy ýer bolup, şäheriň gapdalynda ýerleşendi.
— Bu hakda seniň bilen gürleşmelidirin diip oýlandym. Eger isleseň, sen ony satyn alyp bilersiň. Eger saňa ýer gerek bolsa, onda ony bu şaýatlaryň alnynda satyn alaý, — diýip, Bowaz aýtdy.
— Bolýar, — diýip, Rişon oňat söwdadan hoşal bolup aýtdy.
* * *
Rut Rişon ýaly owadan erkegi hiç haçan hem görmändi. Ol Bowazdan ýaşrak, oňat keşpli, gara saçly we sakgally adamdy. Ol gyzyl köýnek bilen don geýnipdi. Onuň özüni alyp barşy bar zatda öz peýdasyny gözleýän adam hakda güwälik edýärdi. Ol haýallyk bilen töwerekdäkilere göz aýlady, onuň bakyşy ünslüdi. Başy dikdi. Rişonyň özüne ynamly görnüşine seretmezden, Rut onuň özüniň bir zatda günäkärlenjegi ýaly duýýandygyny gördi. Ol özüniň Bowaz bilen bu duşuşygyndan tolgunýardy we özünden uly bolan adama hormat bilen gatnaşyk etýärdi. Emma Rişonyň hereketlerine ýüregiň däl-de, akylyň ýolbaşçylyk edýändigini Rut duýýardy.
Şeýle-de, Rişonyň Nagoma seredişi Ruta ýaramady. Edil özüniň ünsüne Nagomynyň mynasyp däldigi ýaly edip, ol öz garyndaşyna seredip ýetişmänkä, bada-bat ony ýadyndan çykardy.
Bowaz Nagomynyň adamsynyň ýerini satjakdygyny aýdanda, Rutuň ýüregi saklandy. Ol özüniň garşydygyny görkezjek bolup, gaýyn enesiniň elinden tutdy, emma gaýyn enesi oňa tarap egildi-de, pyşyrdy bilen diýdi:
— Näme edýändigini Bowaz gowy bilýändir. Oňa bil bagla.
— Eger bu ýeri satyn aljak bolsaň, onda ony bu şaýatlaryň alnynda häziriň özünde satyn al, — diýip, Bowaz ýüzlendi. — Emma islemeýän bolsaň, onda bu barada anyk aýt, çünki garyndaşlyk boýunça ýeri satyn almalylaryň indikisi mendirin.
— Bary ýerbe-ýerdir, men ony satyn alaryn, — diýip, Rişon sabyrsyzlyk bilen aýtdy.
— Bolýar, — diýip, Bowaz aýtdy.
Rut ganynyň sowandygyny duýdy. Rut özüne bolan Bowazyň duýgularyna we özüne onuň öýlenmeklik islegine nädogry düşünäýdimikä? Bowaz hatda Rut tarapa seretmän, edil ony Rişona bermeklik hakda aladalanan ýaly görünýärdi.
— Bu ýer gowy, — diýip, Rişon aýtdy. — Onuň şeýle uzak wagtlap agdarylmandygy gynançly.
— Elbetde, eger sen Nagomynyň ýerini satyn alsaň, onda dul galan Ruta öýlenmeli bolasyň. Şeýlelik bilen, Rut äriniň adyny göterjek, ýeri bolsa maşgalasy üçin saklajak çaga dogrup biler.
Rişonyň gyzgynlygy çalt söndi.
— Mowaply? — diýip, ol özüniň lapykeçligini gizlemäge synanyşmady.
Ol bakyşy Bowazdan ýaşulylara geçirdi. Dodaklaryny berk gysdy:
— Şeýle... — ýüzi garaldy. — Beýle bolýan bolsa, onda men ýeri satyn almaryn, çünki ol meniň hususy maşgalama zyýan ýetirer.
— Ol özüni aklajak bolýar, — diýip, Nagomy ýigrenç bilen pyşyrdady.
Rişony nämäniň kän aladalandyrýandygyna Rut düşünjek boldy. Ol Rutuň alnynda öz borjyny ýerine ýetirip, Mahlona mirasdar bermelidigimi? Ýa-da özüniň emläginiň bir böleginiň Rutuň dogjak çagasyna geçjekdigimi? Oturanlaryň bary öz aralarynda pyşyrdaşyp başladylar.
— Onuň aýalyna bu ýaramaz, — diýip, Rutuň ýanynda oturanlaryň biri aýtdy.
— Ol Nagomynyň alnyndaky öz borjuny ýerine ýetirmelidi.
— Ol ýere eýe bolmaklyk isleýär, emma soňabaka bu ýeri Elimelegiň maşgalasyna miras hökmünde bermeli boljakdygy üçin, mundan hiç hili peýda görmeýär.
Rişon oturanlara göz aýlady. Ol tolgunýardy. Hemmeleriň öňünde baglanyşylan şertnamanyň kanuna laýykdygyny tassyklap, Rişon aýakgabyny çykardy-da, ony Bowaza uzatdy[8].
— Sen ýeri satyn alaý, men muny başarmaryn. Sen satyn al, — diýip, Rişon çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, adamalaryň arasyndan geçip gitdi.
Nagomy Rutuň elini berk gysdy.
— Ol başardy! — diýende, Nagomy şadyýanlyk bilen güldi. — Munuň başa barjakdygyny men bilýärdim.
Özüne Bowaz seredende, Rut demini saklady. Bowazyň ýüzi şadyýandy, gözlerin bolsa hemişekisinden-de güýçli ýalpyldaýardy. Ol özüne gelip, gözlerini ýumuşdyryp, Rutdan gözüni aýyrdy. Bowaz elinde Rişonyň aýakgabyny berk gysyp durdy. Ol näme boljakdygyna syn etmeklik üçin üýşüşen on sany ýaşululara seretdi.
— Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emläklerini meniň satyn alandygyma siz şaýatdyrsyňyz. Ýer bilen bile men Mahlonyň dul aýaly bolan mowaply Ruty özüme aýallyga aldym. Şeýlelik bilen, aradan çykan adamsynyň neslini dolandyryp, özüniň şäherindäki ýerini miras aljak ogly Rut dogrup biler. Şu gün siz muňa şaýatsyňyz.
Bowazyň ýanynda uzyn geýimlerinde mertebeli görünýän on sany ýaşuly durdy.
— Biz şaýatdyrys, — diýdiler.
— Biz şaýatdyrys, — diýip, olaryň yzlaryndan märeke gaýtalady.
Nagomy Ruty öňe itdi.
— Bar, — diýip, öz gelnine aýdanynda, tolgunma zerarly Nagomynyň ýüzi ýanyp barýardy, — mähribanym, onuň ýanyna bar.
Ýaşulylaryň iň garrysy Ruta elini uzatdy. Märeke yza çekildi we Rut ýaşulynyň ýanyna baryp, elini onuň eline goýdy. Bowaz hem ýaşulynyň ýanyna baryp, beýleki tarapynda durdy. Ýaşuly Bowaza ýylgyrdy-da, Ruta tagzym etdi.
— Goý, seniň öýüňe geljek aýaly Hudaý Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir! — diýip, ol Ruty öňe çykardy we Bowaz oňa elini uzatdy. Elleri birleşenlerinde, Bowaz mähir bilen Rutuň elini gysdy.
Ýaşuly elini olaryň elleriniň üstüne goýdy.
— Efrata tiresiniň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtlahama dolsun! Şu gelniň üsti bilen Hudaýyň saňa berjek perzentlerinden dörejek nesil Tamaryň Ýahuda dogrup beren ogly Peresiň nesli ýaly bolsun!
Rut bilen Nagomynyň yzyndan ýöräp barýan hyzmatkär çalasynlyk bilen märekäniň arasyndan geçip, köçeden aşaga ylgap gitdi. Halk ses bilen Rut we Bowaza pata berýärdi. Adamlar uly tolgunma bilen olary çar tarapdan gysýardylar, erkekler Bowazyň egnine kakýardyler, aýallar bolsa Ruty gujaklap, oňa pata berýärdiler. Bowaz gülüp, hemmeler bilen gürleşýärdi. Nagomy uludan ýylgyryp, öz joralary bilen utanyp gürleşýärdi. Rut işiň netijesine henizem geň galýardy. Halkyň olaryň töwereklerinde patalardyr gutlaglar gygyryşanlarynda, Bowaz Rutuň elini berk gysýardy. Bowaz Ruty şäheriň köçelerine alyp gireninde, şäheriň ýaşaýjylary olaryň yzlaryna eýerdiler. Çar tarapdan adamalar bilen gysylan Rut egni arkaly yzyna bakyp barýardy, ýaňaklary ýanyp barýardy, ýüregi bolsa, dürküldäp urýardy. Nagomy nirede? Ol özleri bilen gelýärmikä?
— Rut! — diýip, Nagomy gygyrdy-da, märekäniň arasyndan özüne ýol gözleýärdi. Onuň yzy bilen birnäçe aýallar hem barýadylar.
— Toý dabarasy üçin biz ählisini taýyn etmelidiris, — diýip aýtdy-da, Nagomy gelnini gujaklap, bir çete çekdi we degişme bilen Bowazyň eline urdy:
— Seniň gelinligiň agşama taýyn bolmalydyr.
Özüniň joralary we Bowazyň hyzmatkärleri sebäpli, Rut Nagomydan aýryldy. Hemmeler bilelikde gürleýärdiler. Rut zordan demini alýardy.
Ruty Nagomynyň ýaşlyk çagynyň jorasy bolan Abyşaýyň öýüne getirdiler. Rutuň köne köýnegini çykardylar, içki otaga suw getirdiler. Ony gowuja ýuwup, atyr yslar sepdiler we billerine düşüp duran saçlaryny daradylar.
Nagomynyň yzy bilen ýaşajyk hyzmatkär girdi.
— Bowaz Rut üçin sowgatlar iberdi.
Olar otagdan çykyp, birsalymdan soň dolanyp geldiler. Nagomy piliň süňkünden ýasalan gutuny elinde göterip gelýärdi.
— Seret, — diýip, Nagomy Ruta ýüzlendi-de, gutuny açdy. — Gymmatbaha sowgatlar! Seret, ol neneň seni eý görýär.
Rut gymmatbaha daşlar bilen bezelen zynjyry gutudan çykardy.
— Şeýle-de, ol toý lybasyny hem iberipdir.
Nagomy gutuny Abyşaýa berdi-de, Ruty geýindirmäge başlady.
— Sen edil şazadanyň gyzy kimin bolarsyň.
Uzyn ak köýnegi geýdirenlerinde, Rut uludan demini aldy. Şunuň ýaly ýumşak zady ol ömründe bir gezek hem geýmändi. Şeýle-de, dürli reňkli sapaklardan tikilen daşky köýnek we altyn reňkli, mawy, gyrmyzy reňkli sapaklar bilen owadan nagyşlanan guşak hem bardy. Şaý-seplerdir ysyrgalar hem älemgoşaryň ähli reňklerindäki daşlar bilen bezelendi. Inçejik täç hem altyna çaýylandy.
Abyşaýyň hyzmatkärleriniň biri Rutuň saçyny örüp, ony Bowazyň iberen gymmatbaha daşlary bilen bezedi.
Üzüm we bugdaý nagyşlary bilen bezelen ýukajyk ýapynjany Rutuň kellesine geýdirdiler. Edil bulut ýaly ýeňil bolan mata dyzyna çenli düşdi.
— Tizara erkekler gelerler, — diýip, Nagomy aýtdy-da, Rutuň elinden tutup, ony ogşady. Gözlerinde gözýaşlar ýalpyldaýardy:
— Men seniň üçin gaty bagtlydyryn.
Rut iki eli bilen Nagomynyň elinden tutdy.
— Biziň ikimiz üçin.
Nagomy gyzyň ýaňaklaryny sypalady.
— Mähribanym, ondan gorkma. Eger onuň seni bagtly edip biljekdigine ynamly bolmasadym, onda men seni oňa bermezdim.
Rutuň gözleri gözýaşlardan doldy.
— Emma men ony bagtly edermikäm?
— Wah, meniň gadyrdanym. Rişonyň öz aýakgabyny oňa bereninde, Bowazyň ýüzüne syn etmediňmi? Altyndyr kümüş ondan uly hezilligi berip bilmezdi. Sen onuň baýlygysyň, gyzym, Hudaýyň sylagy.
Rut başyny aşak sallap, gözlerini ýumdy. Ol Nagomynyň sözlerine haýran galypdy. Bowaz dogrudanam ony şeýle güýçli söýýärmikä? Elbetde, Bowaz ýaly adam özüniň hem söýülmegine mynasypdyr. Emma onuň bütin ömür eden arzuwyny amala aşyrmaga Rut ukyplymyka? Onuň ýüregi Mahlony kabul edişi ýaly Bowazy-da kabul edermikä? Onuň ýöne elini degirmekliginden Rut sandyrarmyka? Bowazy gören dessine Rut ony küýsärmikä? Rut Bowaza haýran galýardy. Ol ony gaty hormatlaýardy. Emma ony söýýärdimikä? Öz ýüregini we özüniň bedenini doly oňa tabşyryp bilermikä? Oňa şatlyk getirer ýaly Rut onuň söýgüsine jogap berermikä? Ýa-da hemişe onda Rut oňat atany, uly dogany görermikä?
Rut öz kellesinde Nagomynyň ýeňil we köşeşdiriji ellerini duýdy we onuň ýuwaşlyk bilen edýän dilegini eşitdi:
— Eý, Ysraýylyň Hudaýy, meniň gyzymyň gorkularyny aýyr. Ol hem edil men ýaly Saňa degişlidir. Onuň boýun bolanlygy we maňa bolan söýgüsi üçin Ruta pata ber. Eger gaty kän zady soraýan bolmasam, onda onuň Bowaza bolan söýgüsini oglum Mahlona bolan söýgüsinden-de artdyr... — diýeninde, Nagomynyň sesi biraz titredi.
Onsoň ol sesini çykarman, Rutuň kellesinden ogşady.
* * *
Bowaz öň hiç haçan hem şeýle howsalalanmandy. Ol özüniň howsalalygyny gizlemäge synanyşdy, ol hyzmatkärleriniň bir-birlerine seredip, ýylgyrýandyklaryny göreninde, munuň biderekdigine düşündi. Ol öz-özüne güldi.
— Meniň şu pursat hatda şu guşagy daňmaga-da ýagdaýym ýok!
Şemeş onuň ýanyna bardy.
— Rugsat ediň, jenabym!
Bowaz minnetdarlyk bilen oňa guşagy berdi we hyzmatkäriň ony daňanyndan soň, ol ýeňillik bilen demini aldy. Hyzmatkärleriň beýlekisi elinde dürli reňkli täze dony tutup durdy. Bowaz ony geýdi-de, altyn bagjyklaryny daňdy. Ahyrynda onuň kellesine gymmatbaha daşlar bilen bezelen täç geýdirildi.
Bütin jaýy dolduryp, dostlary ýygnandylar. Käbirleri oňa degişmeklikden hezillenerdiler, beýlekiler bolsa onuň gelnini öwmekligiň mümkinçiliginden peýdalanýardylar.
— Bowaz, seniň öýlenmeli wagtyň gelendir-ä!
— Munuň üçin ol garyndaşyny aldamaly bolandyr!
— Dostum, Rut ähli öwgülere mynasypdyr.
— Ol seniň öýüňi doldurjak çagalary dogrup berer.
— Şeýle oňat gyzyň şunuň ýaly garry goça durmuşa çykýandygy neneň gynançly!
Bowaz olar bilen bile gülüşdi, emma onda özüniň dostlaryna görkezen ynamlylygy ýokdy. Rut ony neneň kabul eder? Ol bireýýäm ýaş däldir we hiç haçan hem görmegeý däldi. Ol özüniň ýaş aýalyna nädip ýaranmaklykdan başga hiç zat hakda oýlanyp bilmeýärdi. Öýündäki şadyýanlyga seretmezden, Bowazy şübheler eýeledi.
— Bowaz, beýdip ýüzüňi çytma, — diýip, Şemeş degişdi. — Sen biçäre gyzy gorkuzarsyň.
Bowaz gülmeklige özüni mejbur etdi. Onuň öýi dostlary we şäher ýolbaşçylaryndan doludy. Ol dabara taýýarlyk barada buýruk berip, garyplaryň baýramçylyga gelmekleri üçin toý geýimleriniň paýlanyşyna syn etdi.
— Bowaz, näme seni beýle gaýgylandyrýar? — diýip, Şemeş sorady.
Bowaz özüniň gözegçisini ýigidiň dosty hökmünde saýlapdy. Ençeme ýyllaryň içinde Şemeş özüniň wepaly hyzmatkärdigini subut edipdi. Bowaz ony çete çykardy-da, özüni gaýgylandyrýanlar barada gürrüň berdi.
— Men ony bu toýa mejbur etdim. Men näme hakda oýlandym? Men onuň üçin oňadrak ýigidi saýlamalydym...
— Oňadrak ýigidi? Oňat ýigit bolup bilmez! Bu gyzyň seni hormatlaýandygy ýeterlik dälmidir?
Bu sözler Bowazy ruhlandyryp bilerdimi?
— Maňa onuň hormaty ýeterli däldir, maňa ondan-da ulusy gerek.
— Köpler azdan başlaýarlar, — diýip, Şemeş ajy güldi. — Galyberse-de, bu barada oýlanaryň ýaly indi gaty giçdir. Sen onuň adamsy. Derwezelerde bolanlaryň bary — siziň şertnamaňyzyň şaýatlarydyrlar. Bireýýäm garaňkylap başlaýar, geliniň yzyndan gitmeli wagtyň ýakynlaýandyr.
Onuň gözlerinde Bowaz rehmiň abanmagyny gördi.
— Bowaz, Rut akylly aýaldyr. Hudaýyň siziň ikiňiz üçin taýýarlanyny görüp, ol geljekde şatlanyp, haýran galar.
Bowaz howsalalyk bilen güldi.
— Men bireýýäm şatlyk bilen haýran galandyryn. Aýalym bolar, esasan-da, Rut ýaly aýalym bolar diýip, ömür oýlanmandym.
Öýüni taşlamazyndan ozal Bowaz toý dabarasy üçin hemme zadyň taýyndygyna göz ýetirdi. Uly çadyr gurlup, güller we ýaşyl şahalar bilen bezelendi. Olaryň aşagynda ýumşak ýassyklar düşelendi. Öý buga tutulýan etiň, täze bişirilýän çöregiň, hoşboý yslaryň we gülleriň yslaryndan doludy. Taýýar edilen näz-nygmatlar myhmanlaryň gelerine garaşýady. Bowaz daşky diwaryň ugrunda duran toýun küýzeleri sanady.
— Çakyr ýeterlikmi?
— Hawa, jenabym, — diýip, Şemeş jogap berdi. — Bu Beýtlahamdaky iň oňat çakyrdyr!
Toý dabarasynyň sebäpkärleriniň otagy hakda Bowaz soramady. Onuň taýýarlygy hakda Bowazyň gyrnaklary jogap berýärdiler.
Şemeş Bowazyň ýanyna geldi.
— Bary taýýardyr. Eger sen ýene biraz eglenseň, onda sen öz kararyňy üýtgedensiň diýip, Rutuň oýlanmagy mümkin.
Bowaz derrew özüni dostlarynyň gurşamaklarynda öýden çykdy. Beýtlahamyň köçelerinde dabara başlanypdy. Onuň ýoldaşlary aýdym aýdýardylar. Käbirleri saz gurallaryny çalýardylar, beýlekileri bolsa tans edýärdiler.
Bowaz Abyşaýyň öýüne ýakynlap, gapyny kakyp ýetişmänkä, ol giňden açyldy. Onuň öňünde Nagomy durdy we onuň ýüzi üýtgäpdi. Nagomynyň Mowapdan gelenden bäri Bowaz onuň ýylgyrşyny görmändi. Indi bolsa ol ýaş görnüp, Bowazyň oňa öýlenjek bolan wagtlaryny ýatladýardy.
— Men özümiň gelnim üçin geldim, — diýip, ýigit aýtdy.
Bowazyň ýüregi doňdy: Nagomynyň arkasynda ol owadan geýnen aýallary gördi. Olar toý lybasly Ruty onuň ýanyna getirýärdiler. Şol bada Bowaz ýekeje-de söz aýdyp bilmedi. Bowazyň ýanyna baryp, Rut onuň elinden tutdy. Rut onuň barmaklarynyň neneň titreýändigini duýdy. Bowaz ýapynjany galdyryp, gelniniň gözlerine seretmek isledi. Belki-de, hut şonda gelniniň näme duýýandygyny ol bilerdi.
Hemmeleriň Beýtlahamyň garaňky köçeleri boýunça ýigidiň öýüne dabara bilen gidenlerinde, erkeklerdir aýallar Bowaz bilen Ruty ýene-de çar tarapdan gurşadylar. Kimdir biri çyra göterip barýardy. Dürli gurallarda saz çalyp, aýdym aýdýardylar.
Öýüne gireninde, Bowaz dony bilen Rutuň üstüni ýapdy-da, ony çadyryň içine girizdi. Rutuň özüni nähili alyp barmalydygyny jikme-jik bilendiginden Bowaz aňk-taňk boldy. Bowaz onuň bilen birnäçe gezek aýlandy: gelniň örtgüsiniň bardygyny hemmeler gördüler. Olar saklananlarynda bolsa, Rut aljyraňňylyga düşmedi. Ol ýapynjasyny aýyrdy-da, adata görä, ony äriniň egnine goýdy. Ýygnananlar gygyryşdylar:
— Hökümdarlygy onuň bilendedir!
Nagomy mertebeli ýylgyrýardy.
Rut Bowazyň ýanynda ýassygyň üstünde otyrdy.
— Rut, men seniň häzirkiň ýaly owadanlygyňy hiç haçan-da görmändim.
Rut Bowaza seretdi we Bowaz hem ýylgyrdy. Bowaz Rutuň ýüzüniň gyzarandygyny gördi.
— Men hem seniň şeýle owadanlygyňy görmändim, — diýip, Rut aýtdy-da, ýene-de başyny aşak egdi.
Bowaz ýuwaşja güldi.
— Öz ýeleklerimi arassalamak meniň üçin gaty wajyp boldy.
Rut onuň elinden tutdy. Onuň eliniň ýylylygy Bowazyň bütin bedenine ýaýrady.
— Seniň maňa bolan akgöwünliligiň üçin Hudaý seni ýalkasyn.
Bowazyň damagy doldy.
— Ol bireýýäm meni ýalkady.
* * *
Olary çatynjalar otagyna getirip, ýeke galdyranlarynda, Bowaz özüni ýaş ýigit kimin duýdy. Ol Ruta näme diýjegini bilmedi. Ol ony köşeşdirmek isleýärdi. Emma ýigidiň özi şu wagta çenli duş gelmedik halynda howsalalanýan bolsa, onda nädip ol aýalyny köşeşdirsin? Ol nädip aýalyna ýakymly etmekligi bilmän, özüniň öýlenen dostlarynyň biri bilen gürleşmek isledi.
Emma bireýýäm giçdi! Bowaz otagyň içinde ýöräp başlady, onsoň saklandy. Ol sakgalyny sypalady. Özüniň howsalalanandygy üçin bu hereketleri edýändigini aňyp, ellerini biline diräp durdy. Onuň bagtyna, hut şol pursat Rut beýlesine öwrülip, äriniň özüni samsyk ýaly alyp barşyny görmändi.
Rut daşky köýnegini çykaranynda, Bowaz ony güýçli isleýänliginden geň galypdy.
— Rut, biz howlukman bileris.
— Emma bizden köp zada garaşýarlar.
Ol aýalynyň sesinde näme eşitdi: boýun bolmaklykmy ýa-da isleg?
— Biz howlukman bileris, — diýip, Bowaz ýene-de gaýtalady.
Rut egni arkaly ärine seretdi. Oňsoň yzyna öwrüldi-de, oňa göni seretdi. Rut uzak wagtlap sesini çykarman durdy, onuň keýigiňki ýaly owadan gözleri Bowazy ünsli öwrenýärdi. Bowaz onuň ünsli bakyşyndan gizlenjek boldy, emma başarmady. Rut haýran galyp, gözüni gypdy. Onsoň ärine tarap ýöredi. Onuň her bir ädimi Bowazyň döşünde agyry döredýärdi. Häzir ol Nagomynyň elini soranyndan has ynjalgydy, çünki ol Nagomyny bu ýaş aýal kimin çuňňur söýmändi.
Rut äriniň elinden tutdy. Bowaz lal boldy. Rut onuň eliniň aýasyndan ogşap, ony ýaňaklaryna degreninde, Bowaz gymyldap hem bilmedi.
— Garaşmaklygyň geregi ýokdur, ärim, — diýip, Rut mähirli aýtdy. — Men seniň ýanyňa mejbur edilmän geldim.
— Seni Nagomy iberdi.
Rut Bowaza çynlakaý seretdi.
— Men boýun bolmaklygy makul bildim. Men umyt edipdim, emma seniň üçin islegli bolaryn diýip, hiç haçan hem ynanmaklyga gaýrat etmändim.
Bowaz birden uludan demini aldy.
— Men umyt edipdim, — diýip, ol gyrylan sesi bilen aýtdy, — emma henizem ynanyp bilmeýän...
Ol sözüni gutaryp bilmedi. Bu gyz ony ýekeje sözi bilen dargadyp bilerdi.
Rutuň gözleri öl boldy. Ol äriniň ýanyna baryp, onuň ýaňaklaryny sypalady.
— Men seniň bilmegiňi isleýän: men saňa degişlidirin, — diýip, Rut onuň kellesini aşak egdi-de, ony ogşady.
* * *
Aýallar hem öz aralarynda gürleşýärdiler...
«Bowaz bireýýäm öýlenmelidi».
«Gaty oňat gyz».
«Özüniň gaýyn enesine şunuň ýaly wepaly bolan gelni hiç-de görmändim».
«Nagomynyň deregine men bolan bolsadym, onda gaty bagtly bolardym».
«Oguň ejesine wepaly bolanyndan, Rut özüniň gaýyn enesine wepalydyr».
«Men muny gowy bilýändirin. Ogul öýlenip, özüniň garry ejesi hakda ýatlaýan hem däldir».
«Rut gaýyn enesi üçin ajaýyp arka tapdy».
«Nagomynyň deregine men bolan bolsadym, onda gaty bagtly bolardym».
«Şeýle oňat gyz! Men oglum üçin şeýle gelin hakda dileg edýärin, emma ony gyzyň häsiýeti däl-de, onuň owadanlygy gyzyklandyrýandyr».
«Eger Bowaz ony çyndan söýmese, gaty gynançly bolar».
«Nikada är-aýallar özleriniň borçlary boýunça deň bolmazlar».
«Goý, Hudaý olara pata bersin».
Aýallaryň her biri aýdylan sözleri goldap, her haýsy öýli-öýlerine dargaşdylar.
* * *
Erkekler hem öz aralarynda gürleşdiler...
«Bowazyň özüni alyp barşyna seredip, men ähli bolup geçýän zatlaryň uly mana eýedigine düşündim. Ol bu işi amala aşyrmaga gaty howlukdy».
«Rişonyň hiç hili mümkinçiligi ýokdy».
«Rişonda özüniň gazanan mümkinçilikleri bardy. Ol ýere eýe bolmaklyk isläp, onuň bilen öz üstüne jogapkärçilik alasy gelmedi».
«Daş atmaga howlukma. Rişonyň aýaly oňa üç gyz dogrup berdi. Başga adamyň mirasdary bolmaklygy üçin sen özüňiň ilkinji çagaňy oňa berermidiň? Eger onuň birinji aýaly hiç-de ogul dogurmasa näme etjek? Onda näme bolar?»
«Bularyň barynyň parhy ýok, Rişon Nagomy bilen Rutuň öňündäki borçlaryndan boýun towlady».
«Ol gaty görmegeý gyz».
«Goý, Hudaý oňa kän ogullar bersin».
«Şu wagta çenli Bowaz aýalsyz ýeke ýaşady. Täze durmuşa öwrenişmek onuň üçin kyn bolar».
« Bowazyň deregine men bagtly bolardym».
Kimdir biri güldi.
«Ol gaty ýaş gyz. Men öz dostumy onuň soňky ýyllarynda umydynyň puja çykanyny göresim gelmeýär».
«Seniň gorkularyň esaslandyrylmadykdyr. Men aýalynyň ony söýmekligi üçin dileg edýän, onuň bolsa, aýalyny söýýändigi görnüp durandyr».
«Goý, Ysraýylyň Hudaýy onuň ýüregini meniň dostuma birikdirsin».
Bäşinji bap
Dokuz aýdan soň Rut dogurdy. Rut düşekde ýatyp, Nagomynyň çagany alyp, ony ýuwup, duz çalyp, gundaga dolamagyna garaşýardy.
— Ol neneň owadan, — diýip, Nagomy çagany bagryna basyp aglady, — şeýle owadanja.
Nagomy çagany otagdan äkitdi we Rut diwara tarap öwrüldi-de, sessiz aglady.
Soňabaka Rutuň ýanyna Bowaz geldi. Rut ýerinden turup geýindi-de, baga çykýan gapa bardy we Nagomynyň çagany göterip ýörşüne syn etdi. Bowaz oturgyç aldy-da, aýalynyň ýanynda oturdy.
— Nagoma indi Mara diýilmez.
Rut adamsyna seretdi. Ol hem edil Rutuň özi ýaly baga seredýärdi, emma Rut adamsynyň ýüzüne seredip, onuň pikirlerine düşünip bilmedi.
— Minnetdardyryn senden, — diýip, Rut ýuwaşja aýtdy.
Bowaz oňa seretmedi.
— Maňa minnetdarlyk bildirme, men öz borjumy ýerine ýetirendirin.
Içinde saklap duran duýgulary sebäpli onuň sesi ýogyndy.
— Başga erkegiň mirasdary bolmaklygy üçin sen özüňiň ilkinji ogluňy berdiň.
— Biziň däplerimiz şeýledir, Rut.
— Ýok. Rişonda beýle däp ýokdur. Bu seniň däbiňdir, Bowaz. Sen başgalar hakda özüňden-de kän aladalanýarsyň.
— Rut, meni kän belende göterme. Mende isleg bilen borç göreşýändir, — diýip, ol Rutdan gözüni aýyrdy. — Men hem edil beýlekiler ýaly ýönekeý adamdyryn.
Rut gözleriniň gözýaşlaryny süpürdi. Özüniň şu wagta çenli gören erkek adamlarynyň birine-de Bowazyň meňzemeýändigini ol gygyrasy geldi. Hatda özüniň güýçli söýen Mahlony hem Bowaz ýaly etmezdi.
— Sen oňa Mahlon diýip at dakjakmyň? — diýip, Bowaz öňküsi ýaly Nagoma syn edip durşuna sorady.
— Onuň adyna Obed dakarys. Hyzmata taýýar.
— Goý, şeýle-de bolsun. Garran çagy ýeke galaryn diýip, indi Nagomy gorkmaz, — diýip, Bowaz aýtdy.
— Sen hem gorkmarsyň.
Bowaz ýerinden turdy. Ol Rutuň kellesini sypalady-da, ony Nagomy bilen oglyna syn etdirip, ýeke galdyrdy.
Gije çaga Rut bilen boldy we ol kesgitli wagt aralygynda turup, çagany emdirdi.
Rut özüni gurşan ümsümlikde elinde çagasyny tutup durup, onuň ýumşajyk ellerini we ýaňaklaryny sypalap, bu pursatdan hezillik alýardy. Emdirip bolanyndan soň Rut çagasyny öz ýanynda düşekde ýatyrardy. Her gün irden Nagomy gelip, Ruty ogşardy we ondan soň Obedi eline alyp, günuzyn oňa serederdi. Diňe emdirmeli wagty ony ejesine bererdi.
* * *
— Men mundan beýläk hiç haçan hem Mara diýlip atlandyrylmaryn, — diýip, Nagomy gülki bilen Obediň ýüzüne seredip aýtdy. — Hiç haçan.
— Ol neneň owadan! — diýip, aýallar çaga haýran galyp aýdardylar.
Beýtlahamyň ýaşaýjylary çaganyň ulalyşyna seretmeklik üçin we onuň hal-ahwaly hakda gürrüň etmeklik üçin Bowazyň öýüne ýygy-ýygydan üýşerdiler.
— Saňa mirasdar beren Hudaýa şükür!
— Goý, ol Ysraýylda şöhratlansyn.
— Goý, bu çaga seniň ýaşlygyňy oýaryp, garrylygyň hakda alada etsin.
— Munuň şeýle boljakdygy şübhesizdir, çünki ol seni güýçli söýýän gelniňiň ogludyr.
— Rut seniň üçin ýedi oguldan-da oňatdyr!
Wah, hawa, onuň mähriban Ruty. Obedi göterip, onuň arkasyny sypalanynda, Nagomy şatlyk bilen ýylgyrdy. Özüniň ýaňaklaryna çaga burnuny degireninde we oňa berk ýapyşanynda, Nagomy düşündirip bolmajak hezilligi duýdy. Ol şundan bagtly bolan wagtyny ýadyna salyp bilmedi. Hudaý Nagomyny ýalaňaçlapdy, indi bolsa berk esasda gurlan täze durmuş berdi. Nagomynyň ogullary bilen ärini çalyşmaklygy üçin doglan bu çagany ynam adamy, bütin gujur-gaýraty bilen kanuny ýerine ýetirýän, şäher derwezelerinde oturyp, akyldarlygy bilen halka ýolbaşçylyk edýän Bowaz beripdi.
— Wah, meniň köşegim, — diýip, Nagomy bäbegi göterip, onuň alkymyndan ogşady. — Senden kakaň ýaly adam ösüp ulalsyn.
Ol bäbegiň bagtly gülküsinden hezillenerdi. Yza öwrülip, Nagomy Ruty gördi: gelni gapynyň agzynda durup, gaýyn enesine syn edýärdi, onuň gözleri ene söýgüsinden doludy. Nagomy özüniň meýletin getiren gurbanlygy hakda oýlananynda, ynsabynyň sanjylýandygyny duýdy. Munuň bahasynyň Rut üçin näçe durýandygy hakda ol oýlanypdymy? Bowaz üçin? Gelni ýylgyrdy-da, ýene-de hojalyk işleri bilen meşgullanmak üçin gitdi. Nagomy ýüzüni çytyp, Obedi bir elinden beýleki eline geçirdi.
Bir zatlar ýetmezlik edýärdi. Nämäniň ýetmezlik edýändigini Nagomy bilýärdi, emma onuň bilen hiç zat edip bilmeýärdi. Özüne şeýle kän sowgatlar edenleriň ikisine diňe Hudaýyň berip biljek zady hakda dyngysyz dileg edýärdi.
* * *
Uly hojalygy dolandyrmagyň nähili agyr zähmetdigini Rut bildi, emma özüniň bütin wagtyny we aklyny talap edýän işe ol şatdy. Bowaz ony kararlary özbaşdak kabul etmäge mejbur etdirerdi we ol özüniň täze roluna — şäheriň wajyp adamynyň aýaly bolmaklyga ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişip, ýygy-ýygydan maslahat üçin Nagoma ýüzlenerdi. Rut işleriň baryny özi etmän, hyzmatkärlere tabşyryk bermekligi öwrendi. Ol hyzmatkärlerini olaryň edýän işleri üçin magtap, gujur-gaýratlary üçin minnetdarlyk bildirýärdi. Olar bolsa edil bar güýçleri bilen özleriniň täze eýelerine ýaranmaklyga çalyşýardylar, Rut bolsa olaryň ählisine-de deň derejede alada etmäge synanyşýardy. Rut öýündäkiler üçin ertirlik naharyny taýýarlap, hyzmatkärleriniň arasynda işleri paýlamaklyga öwrenişip başlapdy. Ol bazarda oňat söwda etmekligi öwrenip, garyplar hakda hem aladalanýardy. Onuň öýünde hiç kim hem hiç zada zar däldi. Rut hemişe-de eli açykdy, çünki Bowazyň eli deglenleriň bary çendenaşa miwe getirerdi.
Iki ýyla golaý mundan ozal Bowazyň Abyşaýyň öýüne gelip, Ruty öz öýüne getireninde, Rut Bowazyň mynasyp bolşy ýaly ony söýüp bilmerin diýip gorkupdy. Emma Bowazyň oňa bolan çuňňur hormaty we mähirliligi arkaly Rutuň bu gorkulary nikanyň birinji gijesinden soň geçipdi. Şeýle adamy kim söýmän bilerdi? Aýlar geçip, tä täsinlik amala aşýança, Tutuň duýgulary ösüp, öňkülerinden hem çuňňur bolýardy. Rut ýene-de adamsyny söýüp bilmäge umyt etmändi. Emma ol özüniň Bowazy şeýle güýçli söýýändigini özi üçin aýan welin, hatda öz-özüne şuny ýatlatmaly boldy: Bowaz Ruta diňe birinji äriniň mirasdary boljak ogul bermekligi üçin öýlenipdi.
Rut bilen Nagomy mätäç adamlar üçin geýim tikmekligiň üstünde bilelikde kän wagt geçirerdiler, Obed bolsa olaryň ýanlarynda oýnaýardy. Olar çaganyň her bir hereketlerine gülýärdiler, bu görmegeý we bagtly çagady. Emedekläp başlanynda, soňabaka ýöräp, eline ilen zatlary galdyrýan pursatlarynda olar kän ýadapdylar. Käwagtlar Bowaz öýe gelip, onuň oýunlaryna syn edýärdi. Ýöne diňe Nagomynyň Obedi bereninde, Bowaz ony eline alardy. Bu edil Bowaz özüniň çagasyny götermeklige rugsat soraýan ýaly bolup görünýärdi.
Özüniň edýän işlerine seretmezden, Rut geň aladany, ýekeligi duýdy. Ol indi iki ýyla golaý Bowazyň aýalydy, emma onuň içgi duýgulary hakda edil özüniň oňa ilkinji gezek arpa meýdanynda duşany kimin az bilýärdi. Ol onuň äridi we muňa garamazdan, ol aýalyndan gizlenýärdi.
— Ol meniň bilen bagtly däl diýip oýlaýan, — diýip, Rut gaýyn enesiniň Bowazyň ýaşulular bilen kän wagtyny geçirýändigini ýatladanynda aýtdy.
— Bu pikirler saňa nireden geldi?
— Bowaz menden hem ir turup, bagda ýeke dileg edýär we bütin günläp gidýär. Ol başgalar bilen wagtyny özüniň öýündäkiler bilen bolanyndan hem kän geçirýär. Käwagtlar men oýlanýan...
— Sen näme oýlaýaň?
— Ol menden gaçýan dälmikä?
Nagomy ýerinden turup, Obediň käsäni ýere oklamazyndan ozal onuň elinden tutup ýetişdi. Ol gülki bilen çagany käýäp, Ruta ýüzlendi.
— Sen onuň bilen bu hakda gürrüň etdiňmi?
— Ejejan, men nädip Bowaza bir zatlar diýmäge gaýrat ederin? Onuň biziň üçin edenlerinden soň mundan-da ulusyny talap etmäge meniň hakym barmyka?
Gaty kän zatlar hakda Nagoma aýtmaklykdan gorkup, Rut öz işine ünsüni çekdi. Bowazy güýçli söýýändigini aýtmaklygy bilen Rut özüniň gaýyn enesini gaýgylandyrasy gelmeýärdi. Özüniň mähriban ogly Mahlony ýadyndan çykardy diýip, Nagomy Rutdan öýkelemezmikä?
Nagomy çagany aýagynda hüwdüläp, çalaja ýylgyrdy.
— Bar zatlar üýtgedi, şeýle dälmi?
— Üýtgedi?
— Onuň saňa Mahlonyň mirasdary boljak ogly bermekligi üçin sen Bowaza barmaga razy bolupdyň. Meniň başymy goýmaga jaýym bolmaklygy üçin sen Bowaza barypdyň. Meniň seni oňa berenim üçin sen Bowaza barypdyň.
— Oňa barmaklyga meniň özüm razy bolupdym, — diýeninde, Rutuň dodaklary tutredi.
Ol gaýyn enesiniň özüni günäkär saýmagyny islemeýärdi. Eger şol wagt Rut Bowazy halan bolmasa, ol şeýle taýynlyk bilen Bowaza barmazdy. Rut dodaklaryny berk gysdy:
— Ejejan, Mahlony nädip güýçli söýendigimi sen bilýärsiň. Sen bilýäň, şeýle dälmi?
Birbada Nagomy utanýan ýaly bolup göründi, emma soňabaka onuň gözleri birden ýalpyldap ulaldy.
— Wah, meniň mähribanym.
Ol Obedi ýerde goýup, Ruta ýakynlaşyp, onuň ýanynda oturdy.
— Sen meniň oglum üçin ajaýyp aýal bolduň. Men muny hemmelerden-de gowy bilýändirin.
Nagomy eliniň aýasynda Rutuň ellerini berk gysanynda, Rutuň elleri tutreýärdi.
— Ejejan, men saňa agyry ýetiresim gelmeýär.
Nagomy Ruty gujaklady.
— Eger sen Bowazy söýýändigiň hakda aýtjak bolsaň, onda men muny özümiň ogluma bolan seniň biwepalygyň hasaplamaryn. Hudaýyň öz dileglerime jogap berendigi üçin hakykatdanam şat bolaryn!
— Şat bolarsyň?
Rut üns bilen gaýyn enesiniň gözlerine seretdi we olarda ol hiç hili öýkäni görmedi.
Nagomy onuň ýaňaklaryny sypalady.
— Eý Rut, men seni edil özümiň tenimden bolan gyzym kimin söýýärin. Men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin. Bowaz oňat, gaty oňat adam.
Rut utanjaňlyk bilen ýylgyrdy.
— Täsin adam, — diýip, şondan soň Rut özüni günäkär saýmady, ýöne bu özüniň düşen kyn ýagdaýyny özgertmedi. — Emma ol diňe özüniň garyndaşlyk borjuny ýerine ýetirmekligi üçin maňa öýlenendir diýip oýlaýan.
— Seniň ýalňyşýandygyňa men ynamlydyryn. Bowaz seni söýýär. Seni onuň ýanyna ibermezimden ozal men saňa bu hakda aýdan däldimmi?
— Ol maňa hiç-de seretmeýär. Ol maňa hiç hem ýanaşmady, diňe...
Rut lapykeçlik bilen başyny sallady. Onsoň birden sözüni dowam etdirdi:
— Ejejan, Bowaz öz borjuny üstünlik bilen ýerine ýetirdi.
— Wah, — diýip, Nagomy ýüzlenende, ýüzüne seredip, onuň özi üçin ähli zady ýerbe-ýer edendigine düşünip bolardy.
Rut başga tarapa seredýärdi. Bowazyň mirasy bilen näme bolar? Eger ol ýene bir ogul dogurman aradan çykaýsa, onda edil Mahlonyň emlägi ýaly Bowazyň hem bütin emlägi Obede geçer. Oňat we söýgüli adam özüniň adyny oglunyň miras almaklygyny gazanýandyr.
Bowaz başardygyndan Rutdan gizlenýärdi, Rut bolsa onuň ähli oý-pikirlerini bilmek isleýärdi. Ol äriniň pikirlerini, onuň gaýgylaryny, ymtylyşlaryny we umytlaryny paýlaşjakdy.
Emma ol edil özüni işe, Beýtlahamyň ýaşaýjylarynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmeklige, Hudaýa, hyzmata bütinleý bagyşlan ýalydy. Ol özüni öýünden we aýalyndan daşda saklaýanlaryň bary bilen meşgullanýardy. Emma Rut şikaýat edip bilerdimi? Hemmeler islänini aldylar. Bowazyň asgöwünliligi Rut we Nagomy bilen bilelikde hemmelere ýaýrapdy. Ol Rut bilen Nagomy üçin güýjüni aýamaýardy we olardan hiç zada garaşmaýardy. Belki-de, Bowaz Rutuň söýgüsine garaşýan däldir ýa-da ony isleýän hem däldir.
Rut özüni ümsümligiň ýesiri kimin duýýardy. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşüpdi. Ol Mowapdan gideninde-de, şeýle kesgitsizlikde bolmandy. Ol galan ömrüni özüniň gaýyn emesi hakda aladalanyp geçirmäge taýyn bolup Beýtlahama gelipdi. Munuň deregine Hudaý Ruty Özüniň ganatlarynyň aşagyna alyp, ol hakda alada edip, oňa Bowazy iberipdi. Näme üçin hemmelerden pes bolan özge milletli Rut hemmeleriň gözleriniň alnynda beýgeldilip, iň oňat, iň akgöwünli we şäheriň iň dogry adamynyň aýaly bolupdy? Rut özüne Hudaýyň berýän patalaryna günde şatlanýardy.
Onda bu tükeniksiz bolan gaýgy nireden? Mundan-da ulusyny soramaga ol nädip gaýrat tapýarka? Muňa garamazdan... öz adamsyny bagtly etmegi ol neneň küýseýärdi!
Her gün Rut onuň öýe dolanmaklygyna sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Adamsy oňa ýylgyranda, Rut ereýärdi. Hatda bu ýylgyryşyň hakyky bolmanynda-da, Rut muňa şatdy. Onuň sesi Rutuň ýüregini aýdym aýtmaga mejbur etdirerdi. Rut özüne onuň eliniň ýanaşmagyndan titreýärdi.
Emma Bowaz öýde gaty az bolýardy. Rutuň kellesine diňe bir pikir gelýärdi: Bowaz onuň duýgularyna jogap berip bilmeýärdi we onuň jemgyýetinde Bowaz özüni oňaýsyz duýýardy. Elbetde, özüni Rutuň güýçli söýýändigini Bowaz bilýärdi.
Galan ömründe äriniň durmuşynda özüniň esasy orna eýe bolmajakdygy bilen ylalaşmaklyga Rut Hudaýdan güýç soraýardy. Onuň durmuşynyň bir bölegi bolmaklygy, özüne onuň ynanmaklygyny, özi bilen onuň ähli işlerini we ýeňişlerini paýlaşmagyny Rut isleýärdi. Rut
— Gyzym, saňa näme bolýar? — diýip, Nagomy Rutuň elinden tutup aýtdy. — Näme seniň göwnüňe degdi?
— Men Bowazy söýýän. Men ony şeýle güýçli söýýän welin, hatda bu duýgy maňa agyry ýetirýär.
Rut ony hatda Mahlony söýşünden-de güýçli söýýärdi.
— Sen bu hakda Bowaza aýtmadyňmy.
— Men onuň ýüküni agyrlatmagy islemedim.
— Agyrlatmagy? Onuň edil erkek hökmünde işiniň şowuna barmandygy hakynda oýlanmaklygy gowumy näme?
Rut yza çekildi.
— Ýok, bu nädogry!
— Bowazyň bagtly däldigine her kes hem düşünip biler.
— Ejejan, bu onuň çetde durýandygy üçindir, — diýip, Rut haly dokamagyny bes etdirip, tolgunma bilen çete çekildi. — Çünki ol hiç haçan hem öýde bolýan däldir.
— Mähribanym, şeýle giç öýlenýän erkek aýalyň, esasan-da, seniň ýaly ýaş aýalyň näme hakda oýlanýandygyny bilýän däldir. Belki-de, eger ol özüni senden çetde saklasa, onda seni bagtly eder diýip oýlamagy mümkindir.
Rut gözlerini kiçeldip, Nagoma seretdi. Ol hiç haçan hem bu hakda oýlamazdy.
— Bowaz bary-ýogy erkekdir, mähribanym, erkekler bolsa, özlerini görkezişleri ýaly hemişe-de güýçli däldirler. Bowaz ýaş aýalynyň söýeri ýaly özüni gaty garry hasaplaýan bolmagy mümkin diýip oýlaýan. Sen onuň ýüregini bir sözüň bilen eredip bilerdiň.
— Men ärimiň bagtly bolmaklygyny isleýändirin.
Nagomy ýylgyrdy.
— Onda bu garry aýalyň patasyny al-da,
* * *
Bar zadyň öňküsi ýaly galmaklygy bilen Nagomy ylalaşyp bilmezdi. Özi üçin onuň gelni birwagtlar edermen bolupdy, emma Rutuň özi üçin edermenliginiň ýeterlidigine Nagomy şübhelenýärdi.
Rut bilen gürrüňinden soň tizara Nagomy öýden çykdy. Ol özüniň kesel ýatan jorasyny görmäge gidýändigini aýdypdy. Gapydan çykyp, ol Bowazy tapyp biljek ýeri bolan şäher derwezelerine tarap göni gitdi. Özüniň güman edişi ýaly, ol hemişekisi ýaly özüniň ýerinde oturdy. Nagomyny görüp, esasanam, onuň elini bulaýlaýandygyny göreninde, Bowaz howsalalandy. Ýaşululara bir zatlar diýip, ol ýerinden turdy-da, garry aýalyň ýanyna bardy.
— Näme boldy?
— Bary ýerbe-ýer, — diýip, Nagomy jogap berdi.
— Onda näme üçin sen beýle görünýäň?
— Men neneň görünýän?
— Edil söweşe taýyn bolan aýal kimin.
Işiň öz ýaş aýaly hakda bolanynda, Bowaz kör bolýardy.
— Biz ikimiz daşraga gidip, gürrüňimizi adamlaryň eşitmezleri ýaly ýerde gürleşip bilerismi?
Ýüzüni çytyp, Bowaz Nagomynyň ädimlerine aýak goşjak bolup, onuň bilen bile gitdi. Olar Beýtlahamdan çykdylar. Uzak wagtlap Nagomy sesini çykarmady. Goý, Bowaz biraz howsalalanyp, özi gürrüňe başlasyn.
— Seni Rut iberdimi?
— Ýok, ol meni goýbermedi. Men öz islegim bilen geldim. Kimdir biri seniň gözleriňi açmalydyr.
— Gözlerimi açmaly?
Nagomy saklanyp, Bowaza seretdi.
— Bowaz, durmuşda erkegiň hiç zady howp astyna salman aklyna däl-de, ýüregine boýun bolan pursatlary bolýandyr.
Bowaz utanç bilen gapdala çekildi.
— Sen näme hakda diýýäň, Nagomy?
Bowazyň ýüzüniň gyzarmasy Nagomynyň talap edýän jogabydy. Nagomy ellerini döşünde goýup, erkege üns bilen seredip durdy.
— Seni Ruta öýlenmäge mejbur edenleriň hormat bilen garyndaşlyk duýgularynyň däldigini sen haçan Ruta aýtjaksyň?
— Rut muny bilýär, — diýip, ol gödek jogap berdi.
— Onda nädip ol muny bildi? — diýip, Nagomy öňedir yza ýöräp başlady. — Sen nikanyň ýedi gününiň dowamynda öýde bolduň, emma soň bolsa, özüňiň öňki durmuşyňa batdyň. Ukudan başga boş wagtyň özüňiň gözegçiňe pul tölemekden başga eden işiň ýok. Eger sen öz işleriň bilen meşgullanmasaň, onda derwezelerde oturyp, başgalaryň soraglaryny çözýärsiň. Sen Ruta öýüňdäki myhman kimin seredýäň! Ol —
Bowazyň aňk-taňk bolan görnüşinden hoşal bolup, Nagomy ony käýemegini bes etdirdi. Ol ýaşynjasyna bürenip, oňa bakyp durdy.
— Men Rişon hakda bilýärdim, Bowaz. Seniň pikiriňçe, men özümiň diri galan ähli garyndaşlarym we dostlarym hakda bilmän, Ruty Beýtlahama iberip bilerdimmi? Men Rutuň Rişonyň aýaly bolmaklygyny islemedim! Ol Ruty seniňki ýaly eý görerdimi? Ol Ruty söýerdimi? Seniň derwezelerde oturanyňda, men seni synlap, meýdandan dolanyp gelýän gelnime bakyşyňy görüpdim. Men seniň üçin we seniň Ruta bolan duýgularyň üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiripdim! Ine, näme üçin men Ruty seniň ýanyňa iberipdim.
— Hawa, men ony söýýän, — diýip, Bowaz gyrylan sesi bilen aýtdy. — Indi bolsa sende Elimelegiň adyny miras aljak ogul bar. Saňa menden ýene näme gerek, Nagomy?
Bowaz yzyna öwrüldi-de, eli bilen saçlaryny darady.
Nagomy uludan demini aldy, rehimi abanmaklyk we ýiti gynanç onuň ýüregini doldurdy.
— Bowaz, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin. Meniň saňa beren sylagymy kabul etmegiňi isleýärin.
— Men Ruty kabul etdim.
— Ýok, sen ony kabul etmediň.
Bowaz yzyna öwrülip, aýala seredeninde, erkegiň gara gözlerinde agyry bardy.
— Onuň ogly mendäkileriň baryny miras alar. Bu ony kabul etmeklik dälmidir? Bu meniň Ruty we onuň ogluny beýik tutýandygymyň şaýatlygy dälmi näme?
— Bowaz, Rut seni söýýär.
Ol geň galyp, Nagoma çiňerlip seretdi.
— Näme?
Nagomy hiç haçan hem adamyň şeýle halda geň galandygyny görmändi.
— Sen näme diýýäň?
— Rut... seni... söýýär... diýdim, — diýip, Nagomy edil çaga düşündirişi ýaly edip aýtdy.
— Mümkin däl.
— Näme üçin? — diýip, Bowazy gaýgylandyryp bilýändigine seretmezden, Nagomy bu ajy sözleri aýtmaly boldy. — Çünki ýaşlygymda kör bolup, seniň owadanlygyňy görmändigim üçinmi? Bowaz, sen owadansyň, wagtlaryň geçmekligi bilen sönmejek häsiýetiň bardygy bilen sen owadansyň. Rut saňa menden-de gowy düşündi. Indi bolsa, sen gözleriňi açyp, özüňiň öýlenen gyzyňy görmelisiň.
— Mümkin däl zada ynanmaklygyň peýdasy barmyka?
— Hudaý üçin mümkin bolmajak zat barmy näme? Munuň şeýle bolmaklygy üçin men dileg edipdim. Bu hakda dileg eden başga-da onlarça adamalary men bilýärin. Beýtlahamyň ýarysy sen we Rut hakda dileg etdiler! Hudaý biziň dileglerimizi eşidýän dälmikä? Hudaýyň siziň ikiňize-de iň beýik patany bermekligine Beýtlahamda köpleriň garaşýandyklaryny sen bilýäňmi?
— Men muňa ynanmaýan.
— Hudaýyň ähli döreden täsinlikleri üçin öwgi aýdýan agzyň bilen sen nädip beýle diýip bilýäň? Men özümiň näme diýýändigimi bilýändirin. Ýaňyja men aglaýan Ruty öýde galdyrdym.
— Aglaýan?
— Çünki sen özüňe degişli bolan öýüňde hiç haçan hem bolýan dälsiň.
Bowaz birsalym ümsüm durdy-da, onsoň gülüp başlady.
Onuň gülküsini eşitmek ýakymlydy, emma onuň şu wagta çenli şunuň ýaly ýalpyldamadyk gözlerini görmeklik ondan-da ýakymlydy.
Gülki ýumşak ýylgyrma geçdi, ol Nagomynyň gözlerine üns bilen seredýärdi.
— Nagomy, bu geň dälmi? Birwagtlar men seni söýüpdim.
— Men bolsa akylsyz, biderek ýaş gyzdym.
Nagomy oňa ýakynlaşyp, onuň elini öz eli bilen ýapdy.
— Indi bolsa men seniň gaýyn eneň, — diýip, ol ýylgyryp aýtdy we degişme bilen onuň elinden çümmükledi:
— Onda garry aýala hormat goý. Öýüňe bar,
Bowaz aşak egildi-de, aýalyň ýaňagyndan ogşady.
— Goý, seni Hudaý ýalkasyn, Nagomy, — diýip, ol gyrylan sesi bilen aýtdy.
Nagomy onuň yzyndan seredip galdy. Ol Rut bilen Bowazyň özlerine ynamsyz bolandyklaryna geň galyp, başyny ýaýkady. Hawa, ýöne olar Hudaýa, berk ynama eýediler. Bu gaty gowudy. Ýok, bu hemmesinden-de oňatdy. Çünki Hudaý olary hiç haçan hem utandyrmaz.
Yzyna öwrülip, Nagomy gözýaşlary bilen hasyly ýygnalan meýdana seretdi. Ol Elimelek hakda oýlandy. Ol Kilýon we Mahlon hakda oýlanyp, ýitginiň ýiti agyrysyny duýdy. Ýöne ol Hudaýa minnetdarlyk bildirdi, çünki olaryň we özüniň eden günälerine seretmezden, onuň ogullarynyň atlary ýitmez.
* * *
Bowazyň ýüregi dürküldäp urýardy, öýüne girende onuň damagy dolupdy.
— Rut?
— Men bärde! — diýip, jogap berende, Rutuň sesinde haýran galma eşidildi.
Umumy otaga girip, Bowaz Ruty gördi. Ulalan gözleri bilen Rut haly dokaýan guralynyň başyndan turdy.
— Bowaz, — diýeninde, ol utanjyndan gyzardy. — bu gün sen ir geldiň.
— Sen garşymyň?
— Ýok. Elbetde ýok.
Ol aýalynyň ýüzüni ünsli öwrenip, oňa ýakynlaşdy. Onuň ýaňaklary hemişekisinden gyzyldy. Bowaz özüne ýakynlaşanynda, Rut haýran galmadan gözlerini ýene-de ulaltdy. Bowaz ony howsala saldymyka? Bowaz onuň şeýle tolgunýandygyny öň hiç-de görmändi. Diýmek, Rut Bowazyň özünden az tolgunýan däl eken.
— Sen Nagomy bilen gürleşdiňmi? — diýip, Rut basylan sesi bilen aýtdy.
— Hawa, ýöne onuň aýdanlaryna men zordan ynanýan.
Rut adamsyna seretdi.
— Ol saňa näme diýdi?
Bowaz artyk gürlemekden gorkýardy, şonuň üçin hem seresaplylyk bilen başlady:
— Ol diýdi... sen meniň bilen gepleşmek işleýäň.
Bu gezek Rut öňküsinden-de beter gyzardy.
— Bagyşla. Men seni utandyrdym. Nagomy ýalňyş düşünendir ýa-da men... ýa-da...
Rut onuň sözüni böldi.
— Ýok. Nagomy seniň bilen gürleşer diýip men garaşýardym.
Bowaz aýalyna çiňerlip seretdi.
— Rut, sen isläniňi aýtsaň bolany. Obed meniň emlägimi miras alyp biler.
— Bowaz, seniň ýeriň birnäçe ogullar üçin hem ýeterli bolar.
Bowazyň ýüregi güýçli urýardy. Rut bolsa, şeýle edermenlik bilen aýdylan teklipden soň utanç bilen ýylgyrdy. Ýöne Rut heniz sözüni tamamlamandy. Ol äriniň gözüne göni seredip, oňa ýakynlaşdy.
— Men saňa we Hudaýa gerek bolan ençeme ogul-guzlary dograryn.
— Mähribanym.
— Rutuň gözleri şeýle bir şöhlelendi welin, şondan soň Bowaz onuň duýgularyna şübhelenmedi. Bowaz mähir bilen ýylgyrdy.
— Siziň Beýtlahama geleniňizde, adamlaryň siz hakda edýän gürrüňlerini eşidip, men seniň aýratyndygyňa düşündim. Onsoň bolsa, seniň meýdana geleniňde... meniň ýaşymdaky erkegiň şeýle duýgulary başyndan geçirip bilýändigini bilip, men aljyraňňylyga düşdüm.
Rut eli bilen onuň bilinden tutup, aglap ärine ýapyşdy. Geň galan Bowaz ony berk gujaklady. Rut tutreýärdi we aglaýardy. Aýdylanlaryň haýsysy Ruty beýle gamgyn etdikä? Rutuň saçlaryny ysgap, Bowaz onuň harmana gelen gijesini ýatlady. Şonda Rutdan atyr yslary gelýärdi, emma oňa Rutuň şu pursatda bolşy ýaraýardy. Rutdan baharyň ysy gelip, Bowazyň özüni ýaş duýmaklygyna mejbur etdirdi.
— Seniň bagtly bolmaklygyň üçin men näme diýip, näme edip bilerin?
— Men
— Emma sen aglaýarsyň.
— Dogrudanammy? — Rut Bowaza seretdi we gözlerinden gözýaşlar akdy. — Men hiç haçan hem şunuň ýaly bagtly bolmandym! Men gülüp, aýdym aýdyp, tans etmek isleýän, çünki sen meni söýýärsiň.
Bowaz aýaly bilen bile gülüp, onuň açykdygyndan keýplenýärdi.
— Eger sen öz duýgularyň hakda azajyk bolsa-da bildiren bolsadyň, onda men bu hakda öňräk aýdardym.
— Beýle etmek bilen seni utandyrýandygyma ynamly bolanymda, men nädip muny başarardym?
— A-a-a. Meni ilkinji gezek görneniňden aşyk bolandygyňy aýtjak bolýaňmy?
— Ýok, emma seniň maňa akgöwünli bolan günüňden başlap, saňa haýran galýardym.
— Kakaňa bolşy kimin, — diýip, Bowaz pyşyrdady.
— Diňe seniň maňa «gyzym» diýeniň üçin.
Bowaz mähir bilen aýalynyň ýaňaklaryny sypalady.
— Her gün özüm seniň üçin gaty ýaşdygyňy we özümdäki duýgularyň bolmaly däldigini özüme ýatlatmaly boldum.
— Şonuň üçin hem men harmana gelip, özümi saňa teklip etmeli boldum.
— Eger Nagomy seni mejbur etdirmedik bolsa, onda sen beýtmezdiň.
— Onuň şeýle edeni üçin men şat. Goý, ony Hudaý şunuň üçin asyrlar boýy ýalkasyn!
Rut başyny ýaýkap, uludan demini aldy, onuň ýüzünde mähirli ýylgyryş peýda boldy.
— Mahlony söýşüm ýaly ýene birini söýüp bilerin diýip oýlamandym. Saňa bolan duýgym bolsa, ondan hem güýçlüdir. Eý Bowaz, Hudaý rehimdardyr!
Howsalaly gözleri bilen ärine seredeninde, Rutuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akýardy.
Bowaz bolsa onuň bakyşyndan keýplenýärdi.
— Bu diňe Hudaýdyr, mähribanym, diňe Ol.
Bowaz aşak egildi-de, durmuşynyň ençeme ýyllarynyň içinde ýüreginde ýygnalan bütin mähirliligi bilen Ruty ogşady.
* * *
Aýallar hem öz aralarynda gürleşýärdiler...
«Men öňler Ruty ýöne gowy hökmünde kabul ederdim, emma ol häzir görmegeý boldy. Sen Rutdan owadan bolan birini gördüňmi?»
«Söýgi ony şeýle owadan edendir».
«Söýgi däl-de, geýim. Ol oňat eşikler sebäpli şeýle owadandyr. Şeýle baý adama durmuşa çykan her bir gyz hem owadan bolar».
«Eger sen bu gyza eleşan geýim geýdirseň-de, ol şöhle saçar».
«Ol edil ýanyp duran çyra kimin şöhle saçýar».
«Onuň Bowaza nädip seredýändigine üns berdiňmi?»
«Bowazyň oňa bakyşyna sen üns berdiňmi?»
Aýallar gülüşdiler.
«Rutuň deregine men örän bagtly bolardym».
«Nagomy özüniň gudalygyna guwanýan bolsa gerek».
«Bärde aýtdy, aňyrda itdi».
«Bowazy mejbur etmeli däldi».
«Biziň aramyzda ondan mynasyp bolanymyz barmy? Başga kim Bowaz ýaly garyplara akgöwünlidir?».
«Kimdir biri Rut ýaly özüniň gaýyn enesine wepaly boldumy?».
«Hawa, diňe Hudaý olara Öz patasyny berendir».
«Hudaýyň ady mübärekdir».
* * *
Erkekler hem öz aralarynda gürleşdiler...
«Biziň doganymyzyň bagtly bolany üçin men şatdyryn».
«Hawa, dogan, biziň ählimiz ýaly».
«Özüniň dileglerine Hudaýyň jogap bermekligine Bowaz kän garaşdy».
«Päk ahlakly aýal altyndan-da gymmatdyr».
«Hakykatdanam, emma Rut — Hudaýdan gorkýan we adamsyna hormat goýýan aýaldyr».
«Şeýle-de, adamsyny söýýändir. Gözi bolan her kes muny görýändir».
«Ol ähli şöhrata mynasypdyr».
«Goý, doganymyzyň öýi ulalsyn».
«Goý, olaryň ogullary Bowaza, gyzlary Ruta meňzesinler».
«Goý, Hudaý seniň diýýänleriňi eşitsin».
Şäher derwezelerindäki bütin halk gygyryp:
Soňlama
Peresiň nesilleri şulardyr: (ejesi Tamar bolan) Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Amminadap, Amminadapdan Nahşon, Nahşondan Salman, Salmandan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýesse, Ýesseden bolsa, Ysraýylyň patyşasy bolan Dawut dünýä indi. Dawut patyşadan bolsa, Hudaýyň belläni bolan Mesih, biziň bolsa, Halasgärimiz we Rebbimiz bolan Isa dünýä indi.
BATŞEBA
Höküm edilmedik
Wakanyň bolup geçen ýeri we wagty
Ysraýylyň beýik şasy Şawul ýönekeý bir çopan bolan Dawutdan gorkýardy, çünki Hudaý bu ýigide pata beripdi. Hudaý Dawuda adamlaryň ýüreklerini öyüne çekip bilmeklik ukybyny beripdi. Dawud adamlara ýüzlenende, olar diňleýärdiler. Ol oýnanda bolsa, gyzlaryň ýürekleri doňup galardy. Ol aýdym aýdanda erkekler we aýallar öz ýüreklerini Hudaýa açyp, Oňa alkyş aýdardylar.
Dawud Şawulyň ganym göripliginden çöle gaçanda, onuň yzyna ýüzlerçe adamlar eýerdiler: olaryň käbirleri öz durmuşlaryndan nägilediler, beýlekileri bolsa, piliştileriň hüjümlerinden gaçalga gözlerýärdiler, üçünjileri bolsa, özleriniň ynanmaýan patyşasyna boyun bolmak islemeýärdiler. Olar Engedi gowagynda ýaşadylar. Dogruçyl erkekleriň arasynda Hudaýyň Ysraýylyň Beýik Serkerdesi bolan günlerini küýsäp, diňe öldürmegi we ogurlamagy halaýanlar hem bardylar.
Şawulyň aňyndaky bäsdeşine bolan göripçiligi güýçlenýärdi we hut şu-da halkyň arasynda peýda bolan bölünişigiň sebäbidi. Emma Dawud şanyň ygtyýaryna wepaly we boýun bolmaklygyna galýardy. Ol güýç bilen Şawulyň şa täjini eýelemek islemeýärdi we özi üçin Hudaýyň muny amala aşyrmagyna sabyrlylyk bilen garaşýardy.
Şol bir wagtyň özünde Dawudyň tarapdarlarynyň sany artýardy: iki ýüz esgerden dört ýüze çenli, soňra bolsa, hatda alty ýüze çenli. Olaryň aralarynda otuz sany edermen erkek bardy we olar özleriniň edermenliklerini we wepalylyklaryny subut eden iň oňat esgerlerdiler. Dawut olary birleşdirýärdi we özlerine degişli bolanlaryň ählisini duşmanlardan goramaklyga taýyn bolup, olar bir maşgala kimin ýaşardylar. Bu duşmanyň kimdiginiň parhy ýok: Hudaýdan ýüz dönderen Ysraýylyň şasymy ýa-da özlerini gurşan özge millerleriň goşunlarymy?
Bu edermen erkekler Dawudyň ýanyna ýeke gelmändiler. Olar öz ýanlary bilen aýallaryny we ogul-gyzlaryny hem getiripdiler.
Dawudyň yzyna eýerenleriň arasynda Batşeba atly kiçijik gyzjagaz hem bardy...
Birinji bap
Babasynyň dyzynda oňatja ornaşyp oturan Batşeba çöregi bölüşdirip, onuň agzyna tutdurýardy. Ahytopel bolsa gülüp, agtygynyň elinden çörek iýýärdi.
— Ol gün-günden ejesi Eliýama meňzeýär.
Batşebanyň kakasy bolsa gülümjiräp, olara syn edýärdi.
— Onuň şeýle çalt ulalýandygyna ynanmak gaty kyn. Ol eýýäm sekiz ýaşynda. Tizara men onuň üçin är gözlemeli bolaryn.
— Ýaşajyk owadan aýaly gorar ýaly guýçli erkek gerekdir.
Gyzjagaz özüne edil perişde ýaly bolup görünýän, oduň beýleki tarapynda oturan erkege seretdi. Gyzjagaz babasynyň ýeňsiz köýneginden çekip, oňa özüniň ýürek arzuwyny pyşyrdy bilen aýtdy:
— Men Dawuda durmuşa çykmak isleýärin.
Ahytopel Batşebanyň aýdýan ýaş we owadan ýigidine seredip, sesli güldi.
— Dawud, ine, ýüregini alan gyzlaryň ýene biri.
Özüniň hudaýy edýän ýigidiniň näme barada gürrüň edilýändigine düşünmezlik edip, onuň babasyna geň galyp seredeninde, Batşeba gyzaryp gitdi. Babasy bolsa, agtygynyň ýaňagyndan ogşady.
— Dawudy ýadyňdan çykaraý, Batşeba. Mähribanym, onuň eýýäm üç aýaly bar.
Ahytopel agtygynyň gözlerine seredende, Batşebanyň ýüzünde eýýäm ýylgyryş galmandy. Ony ümsüm oý çalşypdy.
— Şanyň emçeme aýallarynyň biri bolanyňdan, garybyň ýekejesi bolanyň gowudyr, — diýip, babasy öwut berip aýtdy.
— Batşeba, çadyra gel! — diýip, ejesi çagyrdy.
Kakasy gyzyny babasynyň dyzyndan düşürip, ýere goýdy-da, degişme bilen şarpyklap, ejesiniň ýanyna iberdi. Batşeba Dawuda seretjek bolup saklananda, ejesi onuň elinden tutup içerik çekdi-de, gyzynyň yzysüre tutyny ýapdy.
— Eýýäm ýatmaly.
Batşeba düşeginde ýatanynda, ejesi ony ýüň ýorgan bilen örtdi. Dyzyna çöküp, ejesi gyzyny ogşady. Biraz howsala düşen ejesi gyzynyň maňlaýyndan gara saçlaryny aýyrdy.
— Batşeba, käbir arzuwlar ýüregiňe diňe nagra salýandyr.
— Ýöne men...
Ejesi eli bilen onuň agzyny ýumdy.
— Besdir, gyzym, — diýip, ejesi birgeňsilik bilen ýerinden turdy. — Ukla.
Batşeba daşarda ýuwaşja ses bilen gürrüňleşýän erkekleriň seslerine gulak salyp, ukusyz ýatyrdy. Oduň töwereginde oturanlara beýleki esgerler-de goşuldylar. Batşeba Ýogabyň we onuň dogany Abyşaýyň seslerini tanady. Olaryň ikisi-de Dawudyň goşunynyň serkerdeleridiler we olar hemişe Batşebanyň paýhasly we uruş tärlerini gowy bilýän babasy bilen maslahatlaşmaga gelerdiler. Onuň maslahatlaryna hatda Dawut hem gulak goýýardy. Ahytopel piliştileri we ammonlary, olaryň uruş alyp baryş tärlerini gowy öwrenipdi. Kengan ýerini bolsa ol özüniň bäş barmagy kimin bilýärdi.
— Dawut, şu gün Şawul biziň elimize düşüpdi, — diýip, Ýogap aýtdy. — Şunuň ýaly pursatdan peýdalanyp, sen ony öldürmelidiň.
Abyşaý dessine doganyny goldady:
— Hawa, sen Şawuly öldürmelidiň! Ol biziň dynç alýan gowagymyza girende, Hudaýyň Özi ony biziň elimeze beripdi. Seniň üçin men onuň damagyny çalardym.
— Ony näme sebäpden öldürmejekdigimi men size aýdypdym, — diýip, Dawut jogap berdi. — Sawup — bu Gudratygüýçlüniň şalyga bellän adamydyr.
— Emma Şawul seni yzarlamagyny dowam etdirýär, — diýip, Ýogap aýtdy, — tä ikiňizden biriňiz ölýänçäňiz ol seni kowalar.
— Şu gün sen Şawuldan şa täjini alan bolsadyň, onda halk üçin gowy bolardy, — diýip, başga bir esger seslendi.
Batşeba kakasynyň çadyrynyň ýanynda oturan erkekleriň goldaýan seslerini eşitdi.
— Çopany ursaň goýunlar dagar, — diýip, Ýogap hüňňürdedi.
— Men siziň bilen näme edeýin, Seruýanyň ogullary? — diýip, Dawut gazap bilen aýtdy. Ýogap bilen Abyşaýyň özlerini alyp baryşlaryndan Dawudyň gahary gelendigini Batşeba bilýärdi. — Hudaýyň bellänine el galdyrmaryn diýip, men size näçe gezek gaýtalamaly!
Batşeba uzaklaşyp barýan aýak seslerini eşitdi.
— Men oňa düşünmeýärin, — diýip, Ýogap aljyraňňylyk bilen aýtdy. — Ahytopel, sen oňa akyl bersene!
— Şu gün Şawul gowakda mätäçligini amala aşyrjak bolup, yzyna öwrülende, Dawut ony öldüreni bilen ol näme gazanardy? — diýip, Batşebanyň babasy gazaba münen ýaş esgerlerden sorady. — Şawul ýola çykyp, özüniň ýaňyja çykan gowagyndan Dawudyň çagyrýandygyny eşideninde, ol özüni Dawudyň öldürip biljekdigine düşündi, emma Dawut oňa el galdyrmady we seýle etmek bilen ol Şawulyň tekepbirligini öldürdi. Şawulyň şalygyny ele almagy küýseýän adam seýle hereket ederdimi? Elbetde, ýok! Indi bolsa, Şawula hyzmat edýänleriň her biri Dawudyň dogruçyl adamdygyny bilýärler! Şeýle-de, olar Dawudyň patyşa toba etmeklik mümkinçiligini berendigini hem bilýärler!
— Toba etmeklik! Şawulyň ýüregi tizara ýene-de otdan dolar we ol ýene-de Dawudy yzarlar. Nomwada segsen bäş ruhanyny bütin maşgalasy bilen öldürmekligi buýran adama biz indi rehim etmelimikäk?
— Şawuly höküm etmekligi Hudaýa tabşyr. Dawut dogry edýär.
— Heniz Şawul dirikä, onuň Dawudy yzarlajakdygyny sen menden-de gowy bilýäň!
— Şeýle-de men Hudaýyň ýeňýändigini hem bilýärin, Ýogap. Biz däl-de, Hudaý haçan-da bolsa, bir wagt Dawudy patyşa eder. Hemmeleriň üstünden Hudaý höküm sürýändir. Her gün bize täze adamlar goşulýarlar. Näme üçin? Dawut nirä barsa-da, Hudaýyň onuň bilendigine olar hem biziňkiler ýaly ynanýarlar. Galkany — Ysraýylyň Hudaýy Taňry bolan adamy piliştiler-de, ammonlar-da hatda amalekler-de ýeňip bilmezler.
— Men şa täjini Dawudyň kellesinde görmek isleýärin!
— Biziň hemmämiz ýaly, Ýogap. Emma, goý, bu ir däl-de, hut Hudaýyň bellän wagtynda amala aşsyn.
Erkekler gürrüňlerini dowam etdirýärdiler. Gyzjagazyň gabaklary agyrlaşyp uka batdy. Onuň düýşünde Dawut şa geýimlerini geýip, oňa elini uzadýarmyşyn. Birden bir ses Batşebany oýardy. Ol ýerinden galman, gulak asýardy. Daşrakda erkekler gygyryşýardylar. Ýene-de jedel eden bolmaklary mümkin. Batşeba tanyş sesleri eşitdi. Ol dyzyna çöküp oturdy we oduň daşynda näme bolýandygyna syn etjek bolup, çadyryň kiçijik deşiginden seretdi. Dawut dolanyp geldi we indi oduň ýalpyldaýan yşygynda onuň kakasy we babasy bilen gürrüňleşýärdi.
— Biz olaryň tarapdarydygymyza piliştileri ynandyrmalydyrys, — diýip, Dawut aýtdy. Söweşde olar Şawuly ýeňjek bolanlarynda, biz olaryň üstlerine hüjüm edip, Şawulyň ýeňiş gazanmagyna kömek ederis.
Babasy çytykdy we gaty oýa batypdy.
— Näçe adam almak isleýäň? — diýip, ol Dawutdan sorady.
— Hemmesini.
— Onda kim aýallary we çagalary gorar?
Dawutdan gözüni aýyrman, Batşeba arzuwlara batypdy. Dawudyň Ahytopeli diňläp, başyny gyşardyşy oňa gaty ýaraýardy. Ol öz saýlap-seçeniniň her bir hereketini öwrenýärdi.
Erkekler ýene-de gygyryp başladylar. Ýuwas hüňňürdi bilen Batşebanyň ejesi ýatan ýerinden gozgandy. Batşeba ýene daşa seretdi. Dawut sesleriň gelýän tarapyna başyny aýlady we garaýşy dek boldy.
— Bu adamlar gaty köplük, men olara baş bolup bilmerin!
Babasy elleri bilen aýaklaryny tutup oturdy.
— Olar edil güýçli çopana mätäç bolan goýunlar sürüsi ýalydyrlar.
— Käwagt olar edil möjek sürüsine meňzeýärdiler! — Dawut başyny çaýkap, ýerinden turdy. — Men olary köşeşdirmelidirin.
Uludan demini alyp, ol duran ýerinden daşlaşdy.
— Men oňa düşünmeýärin, — diýip, Eliýam daşjagazlary garaňkylyga oklady. — Näme üçin ol durmuşyny howp astyna salyp, Şawuly halas edýär?
— Şawulyň ogly Ýonatanyň Dawudyň iň ýakyn dostudygyny sen ýadyňdan çykardyňmy? Dawudyň birinji aýaly — Şawulyň gyzy.
— Kaka, Ýonatan daş durmaklygy makul bildi we Mikal-da masgaralandy. Şawul ony başga birine berdi. Dawut hemmesi üýtgäp, Şawulyň gorky we göripçilik bilen däli bolmadyk wagtlaryndakysy ýaly bolar diýen umyt bilen ýaşaýar.
Babasy taýak bilen ýanyp duran oduň közlerini garyşdyrdy.
— Ýogap erbet maslahat berdi. Hawa, Şawulyň ölümi bu urşy bes eder we Dawudy tagta çykarar, emma eger Dawut Hudaýyň bellänini öldürse — ol hiç haçan pata eýe bolmaz. Wah, oglum, Dawut Hudaýyň parzlary boýunça ýaşaýar. Ol Hudaýy söýýär, — diýip, Ahytopel asmana seretdi, ýaňaklary bolsa gyzarypdy. — Eger biziň her birimiz Dawudyň ýüregine eýe bolsadyk, onda Gudratygüýçli biziň üçin nähili şalygy gurardy! — diýip, elindäki taýagyny oda atdy-da, ýerinden turdy. — Hany, ýör, dostlarymyzyň ýanyna baralyň we bu gezek Taňrynyň Dawuda näme diýendigini diňläliň.
Batşeba Dawudyň öz esgerlerine gygyrmajakdygyny we olar bilen jedelleşmejekdigini bilýärdi. Ol olaryň ýanlarynda oturyp, ýöne aýdym aýdar. Birsalymdan soň gyzjagyz erkekleriň gykylygynyň arasynda Dawudyň arfasynyň sesini eşitdi. Ol rahatlandyrýan täsin bir sazy çalýardy we esgerleriň jedeli köşeşdi. Ahyrynda gykylyklar bes edildi. Çadyryň deşigini ulaldyp, Batşeba daşarda bolýanlara syn etjek boldy. Hemişe onuň babasy Dawut özüniň ruhubelentliligini Hudaýdan alýar we şonuň üçin hem onuň aýdymlary halkyň ruhuny götermäge, adamlary biderek jedellerden Hudaýyň belentligini düşünmäge we Onuň Özüniň saýlan halkyna eçýän patalaryny göz ýetirmäge ukyplydyrlar diýip aýdardy. Batşeba Dawudyň käte-käte saz çalyp, aýdym ýadyşyny eşiderdi, emma şonda-da Batşeba muny gaty halaýardy.
Ejesi uklaýardy. Eger Batşeba bolýan zatlaryň baryny gowy görüp, diňlemek üçin çadyrdan çykyp, erkekleriň oturan ýerine ýakynlaşaýanynda näme erbetlik bolar? Batşeba tutyny ýuwaşja galdyrdy-da, oduň boýunda üýşen erkeklere tarap howlukdy. Dawudy gören badyna onuň ýüregi buýsanyp gitdi. Dünýäde hiç kim onuň söýgülisi Dawut ýaly owadan däldi.
— Eý Hudaý, Taňrymyz, Seniň adyň beýikligi bütin älemi doldurýandyr! — diýip, Dawudyň sesi gijäniň garaňkysynda eşidildi.
Dawut beýleki tarapa öwrüldi we onuň indiki sözlerini Batşeba eşitmedi. Batşeba ýerinden turup, ýakynrak bardy. Dawudy diňläp duran erkekler birin-birin aşak oturyp, ondan gözüni aýyrmaýardylar. Onuň aýdymlarynda her bir ruhanynyň dogasyndan-da köp güýç we ynam bardy. Öz adamlary bilen gurşalan Dawut birsalym saklandy-da, kellesini göterip, hiç bir sözsüz ýöne aýdymyň heňini aýdýardy. Hut şu pursatda gyzjagyzyň ýüregi tas saklanypdy. Onsoň ol ýene-de aýdymy sözleri bilen aýdyp başlady.
— Gökleriňe, Seniň barmaklaryň işlerine, Seniň guran Aý we ýyldyzlaryňa seredenimde: Sen adama üns berer ýaly, ol näme? Sen ony idär ýaly, ynsan ogly näme? — diýýärin.
Indi bolsa hemmeler Dawudyň başyny egip, barmaklary bilen arfanyň tarlaryny çalşyna seredip, ümsüm oturdylar. Saz we sözler şeýle bir täsindiler welin, edil özüniň ýüreginiň tarlaryny Dawut çalyp oturan ýaly bolup, Batşeba görünýärdi.
— Sen ony perişdelerden az-kem aşak tutduň, oňa şöhrat we hormat täjini geýdirdiň. Öz eliň işleriniň üstünden oňa agalyk etdirdiň, ähli zatlary: goýunlaryň we sygyrlaryň ählisini, ýabany haýwanlary hem, gögüň guşlaryny we deňziň balyklaryny, deňizleriň ýollaryndan geçýänleriň ählisini onuň aýaklarynyň astynda goýduň, — Dawut geň galyp başyny çaýkady we ýene-de ýyldyzlara seretdi, ýüzi bolsa şadyýanlygy serpikdirýärdi. — Eý Ýehowa Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly!
Ol öz arfasynda ýene birsalym saz çaldy-da, haýallyk bilen ellerini galdyryp, bütin ýer ýüzüniň Hudaýyna alkyş aýtdy.
Töwerekde şeýle bir ümsümlik boldy welin, hatda Batşeba özüniň ýüreginiň urşyny eşidip bildi.
— Ýene-de aýdym aýt, Dawut, — diýip, Ahytopel haýyş etdi.
Beýlekiler-de onuň sözüne goşuldylar.
— Hudaý barada bize ýene-de aýdym aýdaý!
Batşeba ýerinden turup, üýşmeleňe has ýakynlaşdy we gyzynmak üçin babasynyň ýanynda oturdy.
— Sen bärde näme işleýäň? — diýip, Ahytopel agtygyny gujaklap, gaharjaňlyk bilen aýtdy.
— Men hökman eşitmelidirin, emma men gaty üşedim, — diýip, sowukdan titreýän Batşeba haýyş ediji halda babasyna seretdi. — Haýyş, baba, azajyk...
— Meniň saňa «ýok» diýip bilmejekdigimi bilýärsiň, — diýip, Ahytopel jogap berdi we ony öz dony bilen örtdi. — Diňe bir aýdym.
Dawut Batşebanyň eýýäm birnäçe gezek eşiden mezmuryny aýtdy. Onuň owadan ýüzi oduň ýalny bilen ýagtylanandy, aýdymynyň sözleri bolsa, Batşebanyň küýseýän ýüregi üçin derman kimindi. Batşebany gurşan erkekleriň baryndan tapawutlulykda, Dawut söweşmegi halamaýardy. Ol parahatçylyga ymtylýardy. Ol duşmanlarynyň rehimli bolmaklaryny we olardan özüni halas etmekligi Hudaýdan dileýärdi. Eger yzarlaýan şa we hüjüm edýän piliştiler, ammonlar we amalekler bolmadyk bolsalar, onda durmuş nähili bolardy? Batşeba kakasyna seretdi, ol bolsa Dawudy oňatja diňläp, aşak egildi, gözleri bolsa, gözýaşlar zerarly öldi. Hudaýyň olaryň işlerini gorajakdygy hakynda Batşeba näçe gezek eşidipdi? Hudaý olary Engediniň we Adollamyň gaýalarynda we gowaklarynda gizlär. Hudaý olary iýmit we suw bilen üpjün eder. Hudaý olara ähli duşmanlarynyň üstlerinden ýeňiş berer. Näme üçin? Çünki olar Dawut bilendiler, Dawut bolsa, ilki Hudaýdan soraman, hiç bir zat etmezdi. Dawut öz aýdymlarynda Hudaýy dileg ederdi we Hudaý ony eşidýärdi.
Dawut birnäçe adim ätdi-de, başyny aşak egip, birsalym saklandy. Gözleri ýumulandy. Onuň mähir bilen saz çalşyna Batşeba syn edýärdi we onuň çalýan sazy Batşebanyň ýüregini tolgundyrýardy. Dawut başyny galdyryp, oturanlara nazar aýlady. Ol Batşeba gördümikä? Onuň kakasy bilen babasynyň arasynda oturandygyny gördümikä?
— Reb meniň Çopanymdyr we men hiç bir zada mätäçlik çekmerin...
Dawudyň bakyşy Batşebada saklananda, gyzjagazyň ýüregi saklanypdy. Gyzjagaz demini alman, oňa seretdi, emma özi üçin hemmeleriň hem gymmatdyklary kimin, onuň bakyşy oturanlaryň her birine tarap ugrukdyryldy. Batşeba Dawuda bolan söýgüsiniň güýji bilen basylypdy we özüne wepaly bolan adamlaryň köplüginiň arasynda özüni Dawudyň görmändigi sebäpli göwni çöküpdi.
Kimdir-biri gyzjagazyň egninden berk tutup, ony gorkuzdy.
— Batşeba! — diýip, ejesi gahar bilen pyşyrdady.
— Ine, seni ýene-de tutdular, — diýip, babasy aýtdy-da, agtygyndan donuny aýyrdy.
Ejesi ýüzüni çytyp, gyzyny eline göterdi-de, çete äkitdi we çadyra gidýän ýoluň ýarynda ony ýere goýberdi.
— Temmiňi bermänim üçin seniň bagtyň geldi!
Gözlerini aşak salyp, Batşeba ejesi bilen gitdi. Ejesi ses bilen çadyryň tutusyny galdyrdy.
— Gir! — diýip, ejesi gyzyny şarpyklap, içiri tarap itdi. — Ýatmaly ýeriňde ýatjakdygyňa men sübhelenýärin we şunuň üçin hem tä kakaň gelýänçä sen meniň bilen ýatarsyň — diýip, ejesi Batşebany özüne tarap çekdi. — Gulak asmaklygyň gowudygyny sen bilýärsiň.
Batşeba burnuny çekdi.
— Eje, bagyşla. Men hakykatdan-da ony söýýärin.
Ejesi uludan demini aldy.
— Men bilýärin. Biziň hemmämiz Dawudy söýýändiris.
— Emma meniňki ýaly däl. Haçan-da bolsa, bir wagt men oňa durmuşa çykaryn.
Ejesi Batşebany gujaklady.
— Wah, meniň mähribanym, her bir gyz bu barada arzuw edýär. Batşeba, maňa gulak as. Sen münkin däl zady arzuw edýärsiň. Bu boş çaga arzuwlarydyr.
— Näme üçin?
— Çünki Dawud seniň taýyň däldir.
Gyzjagazyň damagy gözýaşlardan doldy.
— Ol çopandy.
— Ol häzir hem çopan, emma beýlekiler ýaly däl. Muňa düşüner ýaly sen heniz ýaşsyň. Batşeba, sen hemişelik şuny bilip goýmalysyň:
— Kakam — esgerdir, ol Dawudyň iň
— Boldy,
— Abygaýyl şanyň gyzy däl, — diýip, Batşeba göni aýtdy.
— Hawa, emma Abygaýyl Dawudy uly günäden saklady. Ol onuň akyldarlygy üçin minnetdardyr. Şeýle-de, Abygaýyl gaty owadandyr.
— Nähili pikir edýäň, men haçandyr bir wagt owadan bolarynmy, Dawut ýaly owadan bolarynmy...
— Haçandyr bir wagt sen örän owadan bolarsyň we akyllanarsyň diýip, gaty umyt edýän. Hiç bolmanda, käbir arzuwlaryň amala aşmaly däldigine düşüneriň ýaly akylly bolarsyň. Kakaň saňa oňat är tapar we sen bir wagt Dawuda aşyk bolandygyňy ýadyňdan hem çykararsyň.
— Mähribanym, sen ulalanyňda adama däl-de, diňe Hudaýa sežde etmelidigiňe düşünersiň, — diýip, ejesi aýtdy.
Batşeba tä ejesiniň çuňňur we göni dem alşyny eşidýänçä ýuwaş ýatdy. Ol seresaplylyk bilen ejesiniň elinden boşap, ýene bir gezek daşa seretjek bolup, çadyryň beýleki çetine süýşdi. Kakasy bilen babasy oduň ýanyna dolanypdylar we olar bilen ýene-de Dawut hem bardy. Olar ýuwaşja söweşiň alnyp barlyşyny maslahatlaşýardylar. Batşeba gözlerini ýumup, Dawudyň sesine gulak goýdy. Köşeşip, duýdansyz uka batdy.
* * *
Ertesi daňdan oýanyp, Batşeba ýorgan astynda öz düşeginde ýatandygyny gördi. Ejesiniň ýanynda kakasy hor çekýärdi. Gyzjagaz sessiz ýerinden turup, çadyrdan çykdy. Adatça bu wagt Dawut eýýäm oýanardy. Ol hemişe hemmelerden öň turup, Hudaý bilen dogada ýeke bolmaklyk üçin daşlara gidýärdi. Batşeba Dawudyň Engedi jülgesinden dolanýandygyny birnäçe gezek görüpdi, şol sebäpli hem ol hut şol ýere ugrady. Ol özüniň saýlap-seçeniniň dyzyna çöküp, el-ýüzüni ýuwup duranyny göreninde, onuň ýüregi gaty tolgunyp gitdi. Onuň kakasy bilen babasy hem doga etmezlerinden ozal hut şeýle ederdiler.
Batşebanyň aýagynyň astyndan öwnuk daşlar aşaga gaçdylar. Dawut bada-bat öwrülip seretdi. Onuň garaýşy gaty ýitidi we eli bolsa, gylyjyndady. Gyzjagazy göreninden soň ol köşeşdi.
— Batşeba, sen ir turupsyň. Sen gaty daşa gitmediňmi?
Batşeba Dawuda ýakynlaşdy, ýüregi bolsa, çekiç ýaly urýardy.
— Men suw almaga geldim.
— Sen hiç zat edip bilmersiň öýdüp gorkýan.
— Näme üçin?
Dawut ýylgyrdy:
— Seniň küýzäň ýok.
Batşebanyň ýüzi utanç reňkinden doldy. Dawut gürrüň gutardy diýip, çaklady we gyzjagazdan öwrüldi. Şonda Batşeba bar edermenligini toplap, çaltlyk bilen şeýle diýdi:
— Dawut, men bu ýere seniň bilen gürleşmäge geldim.
Ol ýene-de yzyna öwrülip, gyza seretdi.
— Sen öz ata-eneňden beýle daşa gitmeli dälsiň. Bu howpludyr. Çadyryňa dolan.
— Emma...
— Beýle daşa gideniň üçin ejeň gahary geljekdigini bilýänsiň. Eger ol seni ikinji gezek gözlemeli bolsa, onda sen muňa şat bolmarsyň diýip oýlaýan.
Onuň käýinji üçin öýkelän Batşeba ýapgyt boýunça ýokary ylgap, daşlaryň arkasynda gizlendi we ýere ýüzün ýykyldy. Titräp, ol ýanyp barýan ýaňaklaryny doň elleri bilen tutdy. Onsoň zordan demini alyp, özüniň gaçalgasyndan çalaja seretdi. Dawut henizem öňküsi ýaly ellerini bykynyna goýup, akymyň boýunda durdy.
— Heniz seniň ýoklugyňy aňmankalar, öýüňe dolan! Mundan beýläk rugsatsyz beýle uzaklara gitme!
Gözýaşlaryny ýuwdup, Batşeba ýokary dyrmaşdy we kakasynyň çadyryna tarap ylgady. Hemmeleriň henizem uklaýandyklaryna we özüniň gözýaşlaryny hiç kimiň görmän, olaryň sebäbini soramandyklaryna gaty begendi.
* * *
Piliştileriň Şawula garşy söweşe başlajakdyklary hakynda habar gelip ýetdi. Batşebanyň kakasy we babasy özleriniň geýimlerini we ýaraglaryny taýynlamaga girişdiler. Gyzjagaz bolsa olar üçin kişmişli çörek we gowrulan däne taýýarlaýan ejesine kömekleşýärdi. Hemişekisi ýaly, ejesi erkekleriň gitmeziniň öň ýanynda sessiz-üýnsüzdi. Kakasy bilen babasynyň gürrüňlerine gulak goýup, Batşeba hem ümsümdi.
— Biz ertir söweşe girişeris we piliştilere goşularys, — diýip, babasy aýtdy.
Batşeba söweş baradaky Dawudyň aýdanlaryny ýadyna saldy. Onuň adamlary özlerini piliştilere kömek edýän ýaly alyp bararlar. Hakykytda bolsa, olar Şawula kömek edip, piliştileriň goşunlaryny derbi-dagyn etmäge oňaýly wagta garaşarlar.
— Elbetde, Dawudyň neýitiniň mekirdigini olar çaklarlar, — diýip, kakasy aladalanyp aýtdy. — Diňe Hudaýyň rehimine görä bu soňky ýyllar geşiriler we amalekler bizi basyp almadylar.
— Biz hüjümimizi gaty emaý bilen alyp bardyk we hiç kimi diri galdyrmadyk.
— Il gürrüňi dag aşýar...
— Dawut Şawula kömek etmek isleýär. Eger piliştiler biziň kömegimizden ellerini üzseler, onda biz Şawul üçin hiç zat edip bilmeris.
— Şawulyň ykbaly Hudaýyň elindedir we men biziň aýallarymyzy we çagalarymyzy hiç bir goragsyz galdyrmak islemeýärin.
— Ertesi daňdan gün doganynda, kakasy bilen babasynyň düşelgeden gidýändiklerine syn etdi. Olaryň gözden ýitendikleri dessine ejesi çadyra girip, aglamaga başlady. Ýöne tizara ol özüni ele aldy. Ol çadyryň saýasynda oturyp, ýüň egrip başlady, Batşebany bolsa, goýunlary bakmaga iberdi.
Erkekleriň gidenleriniň ertesi güni Batşeba suw alyp gelýärkä, birden gykylyk we agy seslerini eşitdi. Elindäki meşigi ýere gaçyryp, ol kenara çykdy. Olaryň düşelgelerine amalekler çozupdyrlar we aýallar gaçyp baryşlaryna çagalaryny ellerine alyp, çar tarapa gaçýardylar. Goragsyz aýallar edil dagan sürüler ýaly çalt wagt içinde gabawa alyndylar.
Batşeba bir erkegiň ejesini ýykyp, ony ýany bilen äkitjek bolýandygyny gördi. Gyzjagyz çirkin ses bilen oňa tarap okduryldy. Esgeriň arkasyna ýapyşyp, Batşeba ony dyrmalaýardy we saçlaryny ütýärdi.
— Goýber meniň ejemi! Goýber!!!
Gazaply ses bilen erkek Batşebanyň saçyndan tutup, ýere oklady. Gyzjagaz ýere gaty uruldy. Agzy bilen howa tutup, Batşeba elleri bilen ýere ýapyşyp, dyzyna çökdi, emma kimdir-biri onuň bokurdagyna ýüp daňdy. Arkasyna öwrülip, Batşeba ýüpden berk ýapyşdy we aýagy bilen erkegi depdi. Ol bolsa ulydan demini alyp, iki büküldi we ýüzi agardy. Ýoldaşlarynyň biri bolsa, onuň üstünden güldi:
— Ony ýeňeriň ýaly bu büre gaty ulumy?
Gazaba münen amalek güýç bilen ýüpi çekdi. Batşeba bogulyp başlanda bolsa, amalek onuň elinden göterip, gahar bilen siltäp başlady.
— Ýene bir gezek şeýtseň, onda men seni öldürerin!
Onsoň ony aýallar bilen çagalaryň arasyna oklady.
Ejesi gygyryp, çaltlyk bilen ýüpi aýyrdy we gyzy bagryna basdy.
— Batşeba. Wah, Batşeba!
Biçäre we gaty gynalan gyzjagaz zordan üsgürýärdi, ol demini alyp bilenokdy.
— Dawut, — diýip, Batşeba zordan aýtdy.
Emma ejesi çaltlyk bilen onuň agzyny eli bilen ýumdy we hiç zat diýmezligi gözleri bilen düşündirdi. Öň hiç haçan Batşeba ejesiniň gözlerinde şunuň ýaly gorkuny görmändi.
Garawul olara tarap öwrüldi.
—
Aýallar bilen uly çagalaryň ellerini daňyp, äkitdiler. Kiçi çagalarary bolsa, ellerinde göterip barýardylar. Ýesirler we galtamanlar eýýäm birnäçe sagatlap gidýärdiler. Aýallara we çagalara olaryň diňe aýaklaryny gymyldadap bilerleri ýaly suw bererdiler we şol sebäpden hem günortanyň yssysy olary güýçden gaçyrypdy. Gün ýaşyp başlanynda, olar saklandylar. Aýallary köpleri gaty güýçden gaçypdylar we hatda seslerini çykarmaga-da ýagdaýlary ýokdy. Her bir ýesire bir owuç kakadylan däne berdiler.
Batşeba nebsewürlik bilen hemmesini iýdi, emma açlykdan henizem garny agyrýardy. Uzak we daşly toz ýol sebäpli aýaklary çişipdi. Bütin endamy agyrýardy. Asmanda aý we ýyldyzlar peýda boldular, tizara sowuk düşdi. Batşeba aglaýardy, ejesi bolsa ony bagryna basyp, bedeni bile gyzdyrýardy.
— Eje, men gorkýaryn, — diýip, Batşeba pyşyrdady.
Ejesi onuň ýüzünden saçlaryny aýyrdy.
— Aglamaklygyň peýdasy ýok. Öňde garaşýanlaryň baryna taýýar bolmaklygymyz üçin biz güýjümizi aýamalydyrys.
— Eje, Dawut bizi gözlär, şeýle dälmi?
— Onuň bilen kakaň tizara dolanmaklyry üçin biz doga ederis.
— Ol gyzyny berk bagryna basdy. Batşeba ejesiniň titreýändigini duýdy we şondan soň hiç zat barada soramady.
— Doga et, meniň gyzym. Hyjuw bilen doga et.
— Batşeba-da doga edip başlady.
Amalekler aýallyry gyssaýardylar, çünki olar mümkin boldugyndan çalt wagtyň içinde olary gulçulyga satjakdylar. Gündüzki ýol zerarly halys bolan aýallar we çagalar gijä ýakynlap aýak üstünde durup bilmediler we özleriniň duşmanlaryny howsala salar ýaly güýçleri ýokdy. Üçinji gije olar daňylan däldiler. Erkekler oduň boýunda oturyp, iýip içip, şatlanýardylar. Ýesirleri bolsa, hiç kim goranokdy. Şeýle uzak ýoly geçenlerinden soň munuň gerekligi ýokdy.
Üçünji gün bolsa, günüň dogup, ýaşanynda, iň soňky umyt hem ýitdi.
* * *
Batşeba ses zerarly oýandy. Daş-töwerekde hemmeler gygyrýardylar. Gorkan we özüni ýitiren Batşeba ýerinden turjak boldy, emma ejesi ony saklady.
— Ýat! — diýip, ol gyzyna gygyrdy.
Ýanlaryndaky bir amalek gylyjyna ýapyşdy, ejesi Batşebany ondan uzagraga äkitdi. Birden ol erkek gykylyk bilen arkasyna ýykyldy, şol pursat hem onuň elini kesdiler, onsoň kellesini. Batşeba hüjüm edip, ölüniň üstünden towsup geçen esgere jiňkerilip galdy. Uryýa — kakasynyň dosty! Harby çagyryş berip, ol duşmanyň üstüne çözdy. Eger Uryýa şu ýerde bolsa, onda elbetde, kakasy bilen babasy hem şu ýerdedirler.
—
Amalekler yza ylgap, gaçjak boldular, emma ýesirleriň ar almak duýguly atalary, ärleri we doganlary hiç bir rehimsiz olary gyrdylar. Batşebanyň boýnuna ýüp atanyň egninden tä biline çenli gatly Itaýyň gylyç bilen bölendigini Batşeba gördi. Söweşiň sesi gaty elhençdi. Ysraýyllylar gahardan, amalekler bolsa, gorkudan gygyrýardylar. Batşeba ýygrylyp, ejesiniň ýanynda oturdy. Howa gylyçlyryň zyňňyrdylary bilen doludy.
Birdenem ümsümlik boldy. Söweş başlaýşy ýaly çalt gutardy. Amalekleriň gana boýalan we dilim-dilim bolan bedenleri bütin düşelge boýunça pytradylandy. Ýöne hapa we ýyrtylan eginbaşly, ellerindäki gylyçlaryndan gan akyp duran erkekler-de oňaýly görünmeýärdiler.
Batşeba Dawudyň gykylygyny eşitdi:
— Ahynogam, Abygaýyl!
Beýlekiler-de özleriniň aýallaryny we çagalaryny çagyrýardylar.
— Bärde! Men bärde! — diýip, aýallar seslenýärdiler.
Hemmeler howsalalydylar.
— Eliýam! — diýip, Batşebanyň ejesi gygyrdy. Gyzyny goýberip, ol adamsynyň gujagyna özüni atdy we onuň gujagynda gygyryp aglady.
— Batşeba, — diýip, kakasy gyryk ses bilen aýtdy we gyzyna elini uzatdy, emma Batşeba oňa seredip durşuna ýerinden gozganyp bilmedi: kakasy gyzyl gana boýalandy. Onuň gözleri ýanyp durdy we Batşeba üçin ol nätanyş ýalydy.
— Gyzym, meniň ýanyma gel, — diýip, henizem zordan demini alyp, kakasy yuwaşja aýtdy. Gel meniň ýanyma. Men seni gujaklaýyn.
Gyzjagaz daş-töweregine seretdi we gazaply söwesiň yzlaryny gördi. Ony üşedýärdi.
Duýdansyz Ahytopel peýda boldy we ol agtygyny eline galdyryp, özüne berk gysdy.
— Meniň kiçijik gülüm, sen halas bolduň.
— Babasynyň egninden seredip, Batşeba Abygaýyl we Ahynogam bilen gepleşip duran Dawudy gördi. Babasy ony ýere goýberende bolsa, Batşeba Dawudyň nirä gidendigini görmän galdy. Ahytopel elini Batşebanyň egnine goýup, ony öz ýanynda saklady.
— Uruş hemişe çagalar üçin iň gorkunjydyr, — diýip, babasy gazap bilen aýtdy.
— Indi bizi tapmarsyň öýdüpdim, — diýip, henizem kakasyny gujaklap duran ejesi aýtdy. — Eý, Eliýam, sen öz gyzyň üçin guwanyp bilersiň.
Özleriniň düşelgelerine amalekleriň çozan wagtlaryndan başlap, ol Eliýama bolanlaryň baryny aýdyp berdi.
Batşeba köşeşmäge synanyşdy, emma şol ganly surat henizem onuň göz öňünde durdy. Ony üşedýärdi we ol özüniň titremesini hiç sakladyp bilenokdy. Kakasynyň Dawut bilen her gezek düşelgäni taşlap gideninde, ejesiniň näme üçin aglaýandygyna gyzjagaz indi düşündi.
— Piliştiler biziň kömegimizi kabul etmediler, — diýip, kakasy aýtdy. Eger bu şeýle bolmadyk bolsa, onda biz beýle çaltlyk bilen siziň yzyňyzdan ýetip bilmezdik.
Ejesi ýüzüni çytdy.
— Şawul bilen näme? — diýip sorady.
— Piliştileriň goşunlary onuň goşunlaryndan köpdi.
— Dawut näme eder?
— Onuň edip biljek ýekeje zady — bu hiç zat etmezlik.
Yzralaryna bolan ýolda käbir erkekler amalekleriň düşelgesinden alan oljalaryny paýlaşmaklygyň üstünde jedelleşdiler. Olar derýadan geçip, amalekler bilen söweşmeklikden ellerini çekenler bilen oljany paýlaşmak islemediler. Dawut oljanyň hemmeriň arasynda deň paýlanyşmalydygyny buýurdy, ysraýyl şäherleriniň ýaşulylaryna bolsa, sowgatlar iberildi.
Halk boýun boldy, emma bu şikaýatsyz bolmady.
* * *
Dawudyň düşelgesine ysraýyllaryň ýeňilendigi baradaky habar bilen bir amalek geldi. Onuň Şawul bilen oglunyň Gilboga dagynda öldürilendigi barada Dawuda aýdanyny Batşeba eşitdi. Olaryň jesetleri Beýtşan şäheriniň diwarlaryndan asyldy, Şawulyň ýaragy bolsa, Aştarotyň buthanasynda goýuldy. Habarçy Dawuda ýakynlaşyp, oňa elini uzadanda, bolýanlary synlap oturan Dawudyň adamlarynyň arasynda nägilelik eşidildi. Amalek uludan we şadyýan ýylgyryp, Şawulyň şa täjini Dawuda hödürledi.
Dawut oňa seredip durşuna gazapdan doldy. Onuň şeýle gaty gaharlanandygyna Batşeba haýran galdy. Dawut täji aldy.
— Şawul bilen Ýonatanyň ölüdiklerine sen näme üçin ynamlysyň? — diýip, ondan sorady.
Amalegiň gözleri ýalpyldady. Belki-de, ol Dawudyň sesinde bir elhenç zady görendir!
— Men Gilgoba dagynda bolupdym, — diýip, ol jogap berdi. — Men Şawulyň nädip öz peýkamyna özüni atandygyny, duşmanlaryň arabalarynyň bolsa, oňa ýakynlaşandyklaryny görüpdim. Ol yzyna seredip, meni gördi we onuň ýanyna ýakynlaşmagymy menden haýyş etdi. Men ondan: «Men saňa nädip kömek edip bilerin?» diýip soradym. Ol hem: «Sen kim?» diýip sorady. Men oňa: «Men amalek» diýdim. Onsoň ol buýruk berip, seýle diýdi: «Maňa ýakynlaş we meni jebirden azat et, ölüm hasraty meni gabady, men ölmek isleýärin». Men hem ony öldürdim, — diýip, amalek Dawuda gürrüň berdi, — men onuň diri galyp bilmejekdigine düşündim. Onsoň men onuň täjini we bileziginiň birini alyp, saňa getirdim, meniň jenabym.
Batşeba Dawudyň ýüzüniň gyzarandygyny hatda duran ýerinden gördi.
— Sen näme, Hudaýyň bellänini öldürmäge gorkmadyňmy? — diýip, Dawud gygyrdy.
Amalek Dawutdan arany açdy. Dawut öz adamlarynyň birine buýruk berdi:
— Ony öldür!
Esger gylyjyny amalege sokdy.
— Şanyň gany seniň kelläňdedir! — diýip, Dawut gylyç sokulan amalege aýtdy. — Hudaýyň bellänini öldürendigiň barada seniň özüň güwälik etdiň.
Dawut gylyjy yzyna çykardy we amalek ýere gaçdy.
Töweregine üýşenleriň ünsüniň özündedigini Dawut duýan bolsa gerek. Ol haýallyk bilen ümsüm oturyp, özüne syn edýän erkeklere, aýallara we çagalara göz aýlady. Batşeba oňa nämäniň azar berýändigini bilip, onuň gaýgysyny paýlaşmak isledi. Dawut mundan artyk özüni saklap bilmän, gygyrdy:
— Eý Ysraýyl, şöhratyňy öz belent ýerleriňde ýatyr! Gerçekler nädip gurban boldular! Eý, Şawul şa! — ol gygyryp aglady, elinden gylyjyny gaçyryp, kellesini tutdy. — Eý, Ýonatan, Ýonatan, meniň doganym!
Bütin düşelge Dawudyň gaýgysyny paýlaşdy we Dawudyň iň oňat dosty bolan Ýonatan bilen Şawulyň ölümine agladylar. Şawulyň Hudaýy söýüp, Oňa hyzmat eden wagtlaryndaky oňat döwürleri halka ýatladyp, Dawut ölenleriň hatyrasyna aýdym aýtdy.
Ýas günleri gutarandan soň, Dawut Hudaýa boýun bolup, öz goşuny bilen Hebrona gitdi.
* * *
Hebronda Batşeba Dawut bilen Magakanyň toýunda boldy. Geçen ýyllaryň içinde ol Dawudyň Haggyta, Abytala we Egla öýlenenini gördi. Eşidişine görä, her bir nika bilen Dawut özi üçin wajyp bolan şertnamalar baglaşypdyr. Oňa tarapdarlar gerekdi, çünki Şawulyň ölendigine seretmezden, onuň nesli Dawuda garşy göreşi dowam etdirýärdi. Batşeba Ahytopeliň: «Dawut owadan aýallary halaýar» diýip aýdýandygyny käte-käte eşiderdi. Ahynogam oňa Amnony, Abygaýyl — Kilawy, Magaka bolsa, Abşalomy dogrup beripdi.
Şawulyň ogly Işboşetiň goşunbaşysy Abnerden ýaraşmaklyk baglanyşma baradaky habar bilen ilçiler geldiler. Batşebanyň babasy Dawudyň seresap bolup, Abneriň çyn ýürekliligini barlamaklygyny maslahat berdi. Şonuň üçin Dawut özüniň ilkinji aýaly, Şawulyň gyzy Mikalyň gaýtarylyp berileninden soň ýaraşmaklyk baglaşjakdygyny ilçileriň Abnere aýtmaklaryny buýurdy.
— Ol Mikaly gaty söýýän bolsa gerek, — diýip, Dawudyň şerti barada eşideninde, Batşeba ejesine aýtdy.
Hatda ulalanyndan soň hem Batşeba içki tolgunmasyz Dawuda seredip bilmeýärdi. Ýöne ol indi çaga wagtyndaka seredeniňde, has paýhasly bolupdy. Batşeba öz arzuwynyň ýigidi bilen nika baradaky boş pikirlerini taşlapdy.
Ejesi başyny ýaýkady.
— Bärde söýgi barada gürrüň gidenok, gyzym. Hak boýunça Dawuda degişli bolanlar oňa gaýtarylyp berilmelidir. Ol Mikaly öýüne alar, emma onuň hiç haçan çagasy bolmaz.
— Onuň ähli aýallary ogul dogurdylar. Mikalyň hem çagalary bolar.
— Seniň babaň muny oňa maslahat bermez. Mikal zynada günäkärdir. Birnäçe ýyl özal, heniz sen ýaşkaň, Şawul şa ony başga bir erkege berdi. Mundan başga-da, Şawulyň öýüni dikeltmeklik üçin Dawut Mikal arkaly çaga edinermi? Hiç haçan beýle bolaýmasyn! Dawut babaňyň maslahatyna eýerer. Ol Mikal barada alada edip, ony gorar, emma hiç wagt oňa ýakynlaşmaz.
Batşebanyň ol aýala haýpy geldi.
— Ony şol adamsynda galdyrmak gowy bolardy. Dawudyň hem bir aýaly kem bolardy.
— Mümkin, — diýip, ejesi ýuwaşja aýtdy. — Meniň eşidişime görä, onuň adamsy uzak ýoly aglap, Mikalyň yzyndan ýöräpdir. Abner ony kowmaga mejbur bolupdyr. Emma Dawut — şa. Ol ýönekeý adam däl.
— Eger ol şa bolmadyk bolsa-da, hiç kim oňa adaty adam diýmezdi.
Ejesi gyzyna çynlakaý seretdi. Batşeba ýylgyrdy.
— Ejejan, howsalalanma. Men özümiň ýönekeý esgeriň gyzydygymy bilýärin.
Enäniň gözlerinde bir zatlar ýalpyldady. Batşeba beýlesine öwrülip, ejesinden sorady:
— Eger Dawut Mikaldan çaga edinmejek bolsa, onda Mikalyň oňa gaýtarylyp berilmeginiň näme wajyplygy bar?
— Ol öz güýjüni subut etmelidir. Öz aýallaryny saklap bilmeýän şa öz şalygyny hem saklap bilýän däldir.
Dawudyň güýçli adamdygyny Batşeba bilýärdi. Eger-de bir zatda oňa güýç ýetmezçilik etse, onda Hudaý oňa kömek eder. Batşeba kakasynyň çadyryna seretdi.
— Mikal ony söýýandir öýdýäňmi?
— Birwagtlar söýüpdi. Hatda ol Dawudyň janyny halas edipdi. Emma bu irdi.
— Dawut ony söýýändir diýip men oýlamaýaryn. Dawut haýsydyr bir aýaly bütin ýüregi bilen söýendir diýip oýlamaýaryn.
— Eý, meniň mähribanym, — diýip, ejesi uludan demini aldy, — özüne diňe bir aýala gujur-gaýraty ýetýän erkegi söýmek — bu aýal üçin iň akyllysydyr.
Batşeba bokurdagynyň dolandygyny duýdy we ejesi özüniň ýanyna gelip, ony özüne tarap öwürýänçä, ol gözýaşlaryny süpürip ýetişdi.
— Bir aý mundan ozal sen aýal bolduň. Men kakaň bilen gürleşdim we ol eýýäm kimdir-biriniň sen barada onuň bilen gürrüň edendigini maňa aýtdy.
Gyzjagyzyň ýüregi howsalaly urup başlady.
— Kim?
— Oňat adam. Güýçli.
— Kim ol?
— Bar zat oňat bolýança, men saňa aýtmak islemedim, emma bu amala aşanynda, seniň hormat goýup bileriň ýaly äriň bolar.
— Hormat goýup, emma söýüp däl.
— Wagtyň geçmegi bilen söýüp hem bilersiň. Eger sen ony öz ýüregiňe goýberseň.
* * *
Babasy bilen kakasy hetli Uryýanyň sowgatlaryny kabul edip, baryny eýýäm çözüpdiler. Ejesi gyzyny köşeşdirjek bolup, näme üçin hut Uryýany saýlandyklaryny düşündirýärdi. Bir gezek Uryýa söweş meýdanynda onuň kakasyny halas edipdi; ol Dawudyň saýlan otuz edermenleriniň biridi; agyr günlerde Uryýa özüni edermen we wepaly adam edip görkezipdi. Dawudy goramak üçin Uryýanyň iň agyr söweşlerde özüni gaýgyrman söweşenini Ahytopel ençeme gezek görüpdi. Hemmeler ony sylaýardylar, hemmeler oňa haýran galardylar, galyberse-de, ol şanyň dostudy. Şeýle erkek Batşebany we onuň çagalaryny gorap, olaryň aladalaryny edip bilerdi.
— Batşeba, ol edermen we wepalydyr. Ol öz emlägine akylly hojaýynçylyk edýändir. Beýlekilerden tapawutlylykda, Uryýa piliştiler we amalekler bilen söweşden alnan oljasyny saklady.
— Emma ol menden gaty uly, ahyryn!
Ejesi gyzynyň gözlerine seretdi.
— Ol Dawutdan bary-ýogy bir ýaş uludyr.
Batşeba agyrlyk bilen kürsüde oturdy we özüniň güýçsüzligini duýup, elleri bilen ýüzüni ýapyp aglady. Ýaşdygyna seretmezden, ol aýaldy we hiç hili hukugy ýokdy.
Kime durmuşa çykmalydygyny onuň özi çözmeýärdi. Dawudyň asmandaky ýyldyzlar kimin özi üçin elýeter däldigini Batşeba kalbynda bilýärdi. Ol öz arzuwlarynyň näzini çekip ýörän bary-ýogy ýönekeý samsyjak çagady, emma olary ýitirmek, gör, nähili agyr! Birnäçe ýyl mundan ozal Dawut Hudaý tarapyndan saýlanypdy we Şamuel tarapyndan şalyga bellenipdi. Dawudyň aýaly ýa-da gyrnagy bolmaklyk barada oýlanary ýaly Batşeba kimmişin? Şany söýmeklik nähili betbagtlyk!
— Eger Dawut ýönekeý çopan bolsady...
Ejesi aýagyny dürküldetdi.
—
Batşeba özüne wyždanynyň ezýet berýändigini duýdy.
— Uryýa garşy aýdar ýaly meniň hiç zadym ýok, ejejan. Men ýöne...
Onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akyp başlady. Jedeli dowam etdirmegiň biderekdigini ol bilýärdi. Ol gutulgysyz zadyň öňüni alyp bilermidi, ahyryn?
Ejesi birden ellerini boşadyp, yza çekildi.
— Seniň Uryýany ölemen söýýändigiň barada gürrüň edilenok. Emma sen oňa mümkinçilik berseň, onda wagtyň geçmegi bilen sen ony söýüp bilersiň, — diýip, ejesi yzyna öwrüldi we gyzyna seretdi. Onuň ärlik hukugyna görä, häzirlikçe bolsa, sen oňa hormat
Batşeba kellesini galdyrdy.
— Ejejan, men Uryýa durmuşa çykaryn we oňa hormat goýup, boýun bolaryn. Emma söýmekligi ýüregiňe buýrup bolýan däldir.
Özüni bileninden bäri, bütin ömür onuň ýüregi we kalby Dawuda degişlidi. Beýlekileriň näçe talap edýändiklerine seretmezden, Batşeba hiç zadyň üýtgemejekdigini bilýärdi.
* * *
Uryýa bilen özüniň toýuna Dawudyň geljekdigine Batşeba garaşmandy. Ýuka örtgi arkaly şany göreninde, onuň Batşebanyň durmuşa çykyşyna däl-de, öz dostuna, Batşebanyň ýigidene hormat goýmaklyk üçin gelendigine düşünip, Batşeba agyry zerarly tas aglapdy.
Toý dabarasy sebäpli Uryýa şa ýaly geýnipdi. Emma ýigidiniň geýminiň baýlygyna seretmezden, ol ýönekeý ýeňsiz köýnege we deri aýakgabyna geýnen Batşebanyň ýüreginiň hakyky hojaýnyndan ýeňilýärdi. Dabara gatnaşýan erkekleriň baryny Dawut ozýardy! Dawudyň Uryýanyň başyna nika täjini geýdirenine seretmezden, Uryýa patyşa deňeşip bilmeýärdi. Dawudyň paýhasly daş görnüşi onuň jemgyýetdäki orny barada güwälik edýärdi. Hiç kim hem onuň ýaly owadan we görmegeý däldi. Aýdym aýdyp, oýnamakda hiç kim ony ýeňip bilmezdi. Hiç kim hem ondan uly ygtyýara eýe däldi we hiç kimde-de onuň şeýle pes göwünli we mähirli ýüregi ýaly ýürek ýokdy. Dawut adamlardan özüne aýratyn gatnaşygy talap etmeýärdi, emma hemmeler ony söýüp, hormatlaýardylar. Hudaý onuň ähli işlerine pata berýärdi.
Toý dabarasy dowam edýärdi. Batşeba üçin bolsa, hemmesi edil ümürde bolan ýalydy. Uryýanyň Dawut bilen salamlaşmagy üçin aýalyny ýeke galdyranynda, Batşeba özüni biraz ýeňil duýdy. Olar gülüşýärdiler we bir gapdan şerap içýärdiler, Batşeba bolsa beýik ýerde oturyp, olary synlaýardy. Hut Dawudyň özi ony ýene-de Batşebanyň ýanyna iberdi. Hut Dawudyň özi küýzäni alyp, ýaş çatynjalaryň käselerini şerapdan doldurdy. Şanyň uzadýan şeraply käsesini alyp, Batşeba ýeňilje onuň elini tutdy we onuň gözlerinde geň galmany gördi. Ol Batşebany gödek hasapladymyka?
— Uryýa, Hudaý seniň öýüňi köp çagalar bilen patalasyn, — diýip, arzuwyny hemmeleriň eşidip bilerleri ýaly edip, Dawut sesli aýtdy.
Ol käsesini ýokary galdyrdy. Batşeba çekinjeňlik bilen şa tarapa seretdi we Dawut hem hut şol pursat oňa seretdi. Şonda Batşeba Dawudyň özüne bolan gatnaşygynda bir zatlar üýtgän ýaly bolup göründi. Batşeba dere batdy.
— We, — diýip, şa sözüni dowam etdirdi, — goý, seniň ähli ogul-gyzlaryň gelinligiňe meňzesinler.
Şeraby haýallyk bilen içip, Dawut Batşeba seretdi we onuň gözleri geň halda garaldy — ol çekindi. Töwerekde hemmeler gülýärdiler, Uryýa hem olar bilen gülýärdi. Dawut gözlerini kiçeltdi we ol Uryýa bir zatlar diýip, onuň egnine kakdy, emma şagalaň zerarly Batşeba onuň aýdanlaryny eşitmedi. Uryýa oňa jogap edip, başyny yrady we buýsanç bilen gelinligine seretdi, ýigidiň gözleri bolsa ýalpyldaýardy. Dawut ýene-de Batşebanyň bakyşy bilen duşuşdy we Batşebanyň durky tolgunma zerarly titräp gitdi. Bu gaty elhenç we süýji pursatdy. Haçanda Uryýa seredeninde bolsa, Batşeba hiç hili tolgunma duýmady. Emma Dawudyň bakyşy gyzy gyzarmaga, ýüreginiň bolsa gaty çaltlyk bilen dürküldemegine mejbur etdi. Özüni basyp alan duýgynyň güýjünden gorkan Batşeba gözlerini aşak dikdi. Özüniň tolgunmasyny hiç kim görmedimikä öýdüp, ol seresaplylyk bilen daş-töweregine seredişdirdi. Ol bütinleý sandyraýardy. Batşeba gorky bilen ejesine seretdi, emma ol hiç bir aladasyz aýdym aýdyp, beýleki aýallar bilen tans edýärdi. Babasy bilen kakasy bolsa, erkekler bilen şatlanýardylar.
Çekinjeňlik bilen kellesini Dawut tarapa öwrüp, Batşeba ýene-de onuň bakyşy bilen duşuşdy. Batşeba çuňňur geň galmany başyndan geçirdi, çünki ol Dawudyň bakyşynyň manysyna düşündi. Umytsyzlyk ony gurşady.
Uryýa dolanyp geldi we beýik ýerde, gelinliginiň ýanynda oturdy. Ol onuň elinden tutup, ogşady, onuň gözleri bolsa, buýsançdan we çenden aşa içilen şerap zerarly ýalpyldaýardy.
— Men ärleriň arasynda patalysydyryn, — diýip, ol zordan düşnüner ýaly edip aýtdy. — Meniň şeýle owadan aýalymyň bardygyna göz gyzdyrmaýan ýekeje-de erkek şu ýerde ýokdur, hatda patyşa-da olara girýändir.
Batşeba jogap edip, ýigidine çekinjeňlik bilen ýylgyrdy.
Toý dabarasy henizem dowam edýärdi, emma Batşeba özüni ýadan ýaly duýýardy: duýgularyň ýitiliginiň täsiri bildirýärdi. Tä ýaňaklary agyrýança, ol özüni gülmäge mejbur edýärdi. Ol özüni bagtly ýaly edip görkezýärdi, özüniň gaýga batýandygyny bildirmeýärdi. Dawut ýene iki gezek oňa seretdi we ol gözýaşlary bilen göreşip, iki gezek hem onuň bakyşyna jogap berdi. Dawut her gezek özüniň nädogry iş edýändigini duýýan ýaly edip, çaltlyk bilen başga taraplara seredýärdi. Bu Batşebany öňküsinden-de beter gynandyrýardy.
Dawut gideninde bolsa, Batşeba muňa begendi.
* * *
Uryýa piliştiler, amalekler we Şawul şa bilen söweşlerde berkän esgerdi we Batşeba onuň açykgöwünli we mähirlidigine haýran galyp göz ýetirdi.
— Men aýallar barada hiç zat bilmeýärin, Batşeba, — diýip, ol aýalyna boýun aldy. — Men bütin ömrümi Dawudyň tarapynda söweşlerde we olara türgenleşiklerde geçirdim. Meniň durmuşym özgermez. Meniň hemişe Dawuda wepaly boljakdygymy sen bilmelisiň, çünki ol Hudaýyň bellänidir. Emma sen barada alada etmegi men saňa wada berýän. Eger birden maňa bir zat bolaýanda-da, seniň jaýyň we nanyň bolar.
Onuň ençeme gylyç tutmaly bolan elleri gabarçyklydylar we onuň galtaşmasyndan Batşeba titräp gitdi.
— Mähribanym, aglama, haýyş edýän.
Uryýa Batşebanyň söýgüsini gazanypdy, emma Batşebada onuň üçin söýgi galmandy. Şol sebäpli hem Batşeba aglaýardy.
* * *
Bir aý geçdi we Batşeba Dawut baradaky arzuwlaryny taşlap, ärli aýalyň borçlaryny ak ýürek bilen amala aşyrýardy. Ol suw getirýärdi, kir ýuwýardy, ýüň arassalap, ony egirýärdi, öz adamsy üçin geýim dokap, tikýärdi. Äriniň durmuşynyň ýakymly we rahat bolmaklygy üçin Batşeba elinden gelenini edýärdi. Ärini hormatlaýandygyna seretmezden, Batşeba ony söýmeklige hiç-de özüni
Uryýa beýleki edermen esgerler bilen wagtyny kän geçirerdi. Ol Dawudyň esgerlerine tälim öwredýärdi, goşunbaşylar bilen jedelleşip, gürrüň ederdi, gijäň ýaryna çenli söweşiň alnyp barlyşyny düzýärdi. Käwagtlar ol öz dostlaryny öýüne çagyrýardy. Hyzmat edeninde, özüne gelen erkekleriň aýalynyň ýüzüne syn etmezleri ýaly ol Batşebanyň ýüzüni ýapmagyny buýrardy. Şeýle-de, ol öýden çykanynda hem ýüzüniň ýapyk bolmagyny aýalyna buýurdy.
— Dawudyň goşunynda aýallara hormat goýmaýan gödek erkekler köp, — diýip, Uryýa öz talabyny aýalyna düşündirýärdi.
— Uryýa, men bütin ömür şeýle erkekler bilen gürleşdim. Öňler olaryň hiç biri hem meniň göwnüme degmediler, — diýip, Batşeba oňa jogap berdi.
— Öň sen çagadyň. Indi bolsa — ýaşajyk owadan aýalsyň. Galyberse-de, sen — meniň aýalym. Maňa gulak as, — diýip, Uryýa onuň alkymyndan tutup, gözlerine seretdi. — Howplardan gaça durmaklyk akyllydyr.
Uryýa we beýleki esgerler öýde iýip-içenlerinden soň, olar kän gürrüň edýärdiler we olary diňleýän Batşeba Kenganda bolýanlaryň baryny bilýärdi. Batşeba Dawudyň goşunbaşysy bolan Ýogabyň ar almaklyk niýeti bilen bir adamy öldürendigini çalt bildi. Şeýle-de, ol Dawudyň muňa nädip, gaharynyň gelendigini we onuň ölene aglandygyny eşitdi. Ýogabyň ýamanlygy üçin Dawudyň ony hemmeleriň öňünde ýaňsylandygyny Batşeba görüpdi. Batşeba Dawut üçin görkýardy, çünki Ýogap beýik we gaty tekepbir adamdy. Näme üçin Dawut ony özüniň bütin goşunynyň ýolbaşçysy edip galdyrypdy?
Dawudy hiç zatda günäläp bolmaýardy, emma tizara başga täzelikler Batşebanyň durmuşyny üýtgetdi. Şawulyň ogly we Ysraýyl tagtynyň mirasdary Işboşet öldürilipdi. Işboşetiň haýynlyk bilen öldürilendigi baradaky habary getirenler Dawut özüniň bäsdeşiniň indi ýokdugyny bilip, ol begener öýtdüpdiler. Indi Dawut üçin bütin Ysraýylyň üstünden şalyk etmäge ýol açykdy! Hatda habary getirenler subutnama hökmünde öldürileniň kellesini-de getiripdiler. Dawut bolsa, sylaglandyrmagyň deregine olara jeza berdi. Ol olaryň ellerini we aýaklaryny kesip, jesetlerini bolsa Hebron howzunyň boýunda asylmaklaryny buýurdy.
Uryýanyň getiren adamlary güýçli we ganygyzgyndylar, olar özlerini parahatçylykda däl-de, söweşde oňat duýýardylar. Batşebanyň öýünde hemişe Dawuda garşy dildüwşik barada gürrüň gidýärdi. Näme üçin dünýäde şunuň ýaly gaty kän ýamanlyk barka? Eger wagty gelende Dawut şalyga bellense, onda Şawul bilen Işboşeti öldürenler ýaly adamlar ony hem öldürmegiň küýüne düşmezlermi?
Batşeba ejesiniň sözlerini käte-käte ýadyna düşürýärdi:
— Men hem seniň kakaňy ýitirermikäm öýdüp, her gün gorkýaryn, — diýip guýy boýunda gürleşenlerinde, Batşeba ejesi bilen ylalaşdy.
Eger Uryýa şu wagt ölse, onda onuň hojalygy bilen näme bolar? Batşebanyň çagalary ýokdy, emma bu olaryň muny islemeýändikleri üçin däldi. Ärimiň menden göwni galmadymyka diýip, Batşeba öz-özünden soraýardy, emma bu şeýle bolaýanda, onda Batşeba muňa üns bererdi. Toý dabarasynda eýýäm iki ýyl geçipdi, Uryýa bolsa heniz hem öňküsi ýaly Batşeba mähir bilen gatnaşyk edýärdi.
Ysraýylyň ähli tireleri Hebronda ýygnanyşdylar we şol ýerde Dawudy Hudaýyň belläni diýip yglan etdiler.
— Biziň barymyz — seniň teniňdiris, — diýip, bütin halkyň öňünde ruhany Dawuda aýtdy. — Şawulyň döwürlerinde-de sen eýýäm Ysraýylyň hakyky serkerdesidiň. Hudaý saňa şeýle diýipdi: «Sen meniň halkym Ysraýyly idärsiň. Sen Ysraýylyň serkerdesi bolarsyň».
Dawudyň halk bilen äht baglaşyp, şalyga bellenilişine hemmeler bilen bile seredip duran Batşebanyň ýüregi buýsançdan doldy. Dawut bary-ýogy otuz ýaşyndady, ýöne şonda-da ähli tireleriň ýaşululary oňa boýun bolýardylar. Dawudyň ýanynda onuň janpenalarynyň biri hökmünde Uryýa durdy. Ol ellerini göge galdyryp, gaty ses bilen gygyrdy.
Onsoň Dawut öz goşunlaryny urşa alyp gitdi we Uryýa hem onuň bilen gitdi.
* * *
Edil beýleki aýallar ýaly Batşeba hem Siýon üçin söweşde bolan habarlara sabyrsyzlyk bilen garaşýardy we söweşiň oňat habaryny eşidende, ol hem hemmeler bilen bile şatlykdan gygyrdy.
— Olar Iýerusalimi aldylar!
Emma ne Dawut, ne-de Uryýa Hebrona geldiler. Munuň deregine olar Hebrona bir topar goşun iberdiler we olar özleriniň maşgalalaryny basylyp alnan gala getirmelidiler. Dawudyň şäheri — Siýonyň daşyndan goranmaklyk üçin diwarlar gurup başladylar. Galanyň diwarlary-da eýýäm galdyrylypdy. Sur patyşasy Hiram Dawut üçin köşk gurarlary ýaly kedr agaçlary bilen agaç ussalarydyr jaý gurujy ussalary iberdi. Uryýa özi üçin köşgüň gapdalynda bir daş jaýy saýlady.
Ýöne parahatçylyk kän uzaga çekmedi. Dawuda garşy göreşmeklik üçin piliştiler goşun topladylar we Refaýym jülgesini eýelediler. Ýene-de Uryýa urşa çagyryldy. Bu gezek Batşeba aglady, çünki ol indi öz äri üçin gaty aladalanýardy.
— Meniň üçin gorkma. Hudaý biziň bilendir! — diýip, Uryýa hoşlaşdy. Emma onuň sözleri Batşebany köşeşdirmedi. Uryýanyň neslini dowam etdirip, Batşebanyň garran çagynda bolsa, aladasyny ederi ýaly onuň ogly ýokdy.
Piliştileriň Bagal-perasymda ýeňilendikleri barada habar gelip ýetdi. Uryýa öýüne dolanyp geleninde, öz ýany bilen bir but hem getirdi. Batşeba muňa garşy çykdy. Özüniň durmuşa çykanyndan bäri bu onuň birinji gezek äri bilen jedelleşen pursady boldy. Emma Batşeba butlaryň Hudaý üçin nähili nejisdigini bilýärdi.
— Öýümizde bu nejis buty goýanyň Hudaý üçin ýakymly bolar öýdýäňmi?
— Bu hiç zady-da aňlatmaýar. Hemmeler söweş meýdanyndan bir zatlar getirdiler. Bu ýöne biziň ýeňşimiz baradaky ýatlamadyr, başga hiç zat hem däl.
— Adatça Dawut
Uryýanyň gözleri ýeňiji-esgeriň tekepbirligi zerarly garaldy.
— Näme etmelidigim barada maňa öwretjek bolma! Sen nämeden gorkýaň, heleý? Bu bary-ýogy toýundyr. Özüne degişli bolan adamy bu halas etdimi, näme?
— Bu nejislikdir, Uryýa!
Ol özüniň harby geýimlerini zyňdy-da, gazap bilen aýalyna seretdi.
— Ýeke Hudaýyň bardygyny men bilýändirin öýdýäňmi? Hut şol Hudaý Dawuda hemişe ýeňiş berýändir! Patyşanyň ýanynda onuň ýeňmekligine kömek edendigim baradaky ýadygärlik hökmünde, sen bu buty meniň goýan ýerimde galdyrarsyň!
Özüniň şeýle gyzgyn sözlerinden utanyp, Batşeba ümsüm boldy we ýekeje-de söz aýtmady.
Piliştiler täze goşun topladylar we Uryýa ýene-de urşa çagyryldy. Piliştileriň hujumleri edil bitmeýän ýara meňzeýärdi. Hudaý ýene-de Dawuda ýeňiş berdi.Ýöne urşuň soňunyň bolmajakdygyna Batşeba düşünýärdi. Erkekler bolsa, uruşmagy halaýan ýalydylar. Uryýa bolsa, hemmesinden-de artykdy.
Bu gezek söweş meýdanyndan dolanyp, Uryýa öýüne gelmedi. Ejesi Batşeba Uryýanyň Dawut bilen Hudaýyň sandygyny Iýerusalime getirmegi üçin Ýahudanyň Bagale şäherine gidendigini aýtdy. Olaryň gelýändikleri baradaky habar bütin düşelgä ýaýranda, Batşeba hem ähli aýallar bilen olary garşylamaga çykdy we olaryň bary şatlykdan aglaýardylar. Emma olar esgerleri gören batlaryna dessine şatlyk ýogaldy — olar sandyksyz gaýdyp gelýärdiler. Dawut hiç kime seretmän, öz eşeginde gelýärdi. Tozan bilen örtülen onuň ýüzi tutukdy. Batşeba Uryýany görüp, onuň bilen bile ýöredi. Esgerleriň üstlerinde ýeňilme ruhy perwaz edýärdi. Dawut öz adamlarynyň öýlerine gitmeklerini buýurdy we özi hem aýallarynyň ýanyna, öýüne gitdi.
Uryýa Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba onuň şunuň ýaly gaty ýadawdygyny hiç haçan görmändi. Ýüzünden örtgüsini aýryp, Batşeba adamsynyň gözlerine seretdi.
— Näme boldy, Uryýa?
— Dawut sandygy Iýerusalime getirmäge gorkdy.
— Dawut hiç haçan hiç zatdan gorkmandy.
Uryýa dişlerini gyjatdy. Ol aýalynyň elinden tutup, öýüne tarap ýola düşdi.
— Biziň hemmämiz ýaly ol hem Hudaýdan gorkýar. Ruhanynyň ogly Uzza öldi. Sandygy alyp barýan öküzler büdränlerinde, sandygyň ýere gaçmazlygy üçin Uzza oňa elini degirdi we Hudaý ony şol pursat öldürdi. Şonuň ýaly çalt ölümi men hiç haçan görmändim, — diýip, Uryýa Batşebanyň elini goýberdi. — Edil ýyldyrym uran ýaly ol ýykyldy.
— Häzir sandyk nirede?
— Gatly Obet-edomyň öýünde. Hudaý Dawuda tä başga buýruk berýänçä, ol şol ýerde bolar.
Uryýa dolanandan soň, onuň öýi ýene-de şowhunly boldy. Onuň öýüne esgerler ýygy-ýygydan gelýärdiler. Käwagtlar olar gijäniň ýaryna çenli oturardylar. Erkekler Hudaýyň Obet-edomyň öýüne nädip pata berýändiginden başga hiç zat barada-da gürrüňleşmeýärdiler. Bu gürrüňleri Dawut üç aýlap eşitdi we ahyrynda sandygyň yzyndan gitmeklik üçin ol özüniň edermen esgerlerini ýygnady. Olaryň arasynda Uryýa hem bardy.
* * *
Uzakdan Dawut bilen onuň adamlarynyň dolanyp gelýändiklerini habar berýän surnaý we gykylyk sesleri eşidildi. Aýallar köçä inip, dabarany garşylamaga çykdylar. Şadyýan Batşeba hemmeler bilen bilelikde dagly ýoldan aşak düşýärdi. Gün sandygy ýalpyldadýardy we ony gören dessine Batşeba özünde tolgunmany duýdy. Sandygy göterip barýan erkekler her alty ädimden saklanyp, Dawudyň bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk bererine garaşardylar. Surnaýlar çalynýardy. Dawut şatlykdan tans edýärdi. Erkekler, aýallar we çagalar aglap, aýdym aýdýardylar. Üstki geýimlerini çykaryp, Dawut diňe ýeňsiz köýnekli barýardy. Halk onuň Hudaýy bolan söýgüsine seredip, onuň şatlygyny paýlaşýardy. Erkekler yzyny üzmän, Hudaýa öwgi aýdymlaryny aýdýardylar, aýallar bolsa, Dawut bilen tans edýärdiler.
Ahyry agyr günler geçdi. Hudaý Dawudy gorap, onuň ähli işlerine pata berýärdi. Halklar Dawuda garşy durup bilmediler, çünki onuň tarapdary Gudratygüýçlüniň Özüdi! Hudaý Dawudy berk etdi we onuň töwereginde edermen we güýçli ärleri ýygnady. Indi bolsa birwagtlar Ybraýymyň özüniň ýeke-täk ogly Yshagy gurbanlyk getirmäge taýyn bolan dagynyň üstünde äht sandygy hem durar!
Batşebanyň ýüregi şatlykdan aýdym aýdýardy. Ol ýuwaş durup, seredip bilenokdy. Eger ol Hudaýa öwgi aýdyp, tans etmedik bolsa, onda belki-de akylyny ýitirmegi hem münkin. Aglap we gülüp, şadyýanlykdan aýlanýan Batşeba örtgüsini ýüzünden aýryp, ony ýokarlara zyňýardy.
* * *
Ýöne öňki gezek Ysraýyly gabanyndan hem güýçli bolan duşman derwezeleriň alnynda bukulyp otyr. Geljekde halkyň ykbalyny kesgitleýän beýik söweş boldy. Emma bu söweş daglarda, jülgelerde we düşelgelerde däl-de, eýsem adam ýüreginiň çöllüginde bolup geçer.
Ikinji bap
— Hanun
Dawut öňe egildi, çünki ol özüne getirilen täzelige ynanar ýagdaýynda däldi. Ol özüniň hyzmatkärlerini Hanuna hormat goýmaklary üçin onuň ýanyna iberipdi, çünki Şawul Dawudy yzarlanda, Hanunyň kakasy Nahaş Dawudyň ata-enesiniň ammonlaryň arasynda ýaşamaklaryna rugsat beripdi. Dawut şeýle etmeklik bilen özüniň Nahaşyň ogly Hanunyň ýerlerini basyp almajakdygyny aýtmak isleýärdi. Ine-de, indi Dawut özüniň adamlarynyň göwünlerine degendiklerini bildi. Olar hatda masgaralanypdyrlar!
Dere batan we kirli habarçy Dawuda ýakynlaşdy we pyşyrdy bilen öz habaryny gaýtalady.
— Jenabym patyşa, seniň hyzmatkärleriňi Hanun içalylar hökmünde kabul etdi! Onuň şäherini basyp almaklygyň üçin içalylar iberipsiň diýip ol oýlapdyr! — diýip, habarçy agyry zerarly gyşarýardy. — Ol seniň adamlaryňyň sakgallaryny syrypdyr we billerine çenli geýimlerini ýyrtypdyr. Onuň bütin köşgi gülüpdir, onsoň bolsa seniň hyzmatkärleriňi köşkden kowupdyr!
Dawut aýagyna galdy. Onuň tagtynyň gapdalynda kiçi toparlar bolup, öz adamlary durdular. Birbada ümsümlik höküm sürdi, emma ýene-de hemmeler pyşyrdaşdylar: hemmeler bir-birlerine sorag berip, özleriniň oýlamalarny paýlaşýardylar.
Ýogap gözlerini kiçeldip, Dawuda we habarça syn edýärdi we şol pursat Ahytopel bilen Eliýam öz toparlaryndan aýrylyp, uly ädimleri bilen ädimläp, öňe çykdylar.
— Ýuwaş! — diýip, Ahytopeliň sesi ýaňlandy. — Patyşa gürleýär!
Dawut özüniň gaharyny görkezmejek boldy. Ol ilçi bilen ýekelikde gürleşmelidi. Şonda ol öz adamlarynyň eşitmezlerinden ozal bolanlaryň baryny jikme-jik bilip, indi näme etmelidigini arkaýynlyk bilen çözüp bilerdi. Ýogap ýüzüni çytyp durdy. Onuň uruşjakdygyny Dawut bilýärdi, Ýogap urşy küýseýärdi. Öz adamlaryna göz gezdirip, Dawut hemmesiniň urşa taýynlanýandyklaryny gördi. Özüni şunuň ýaly gyzgyn we uruşparaz adamlaryň gurşaýandygyndan, ol käte-käte ruhdan düşýärdi. Ýöne onuň özüni-de ar almaklyk islegi gününe goýmanynda, Hudaýa şek eder ýaly onuň nähili hukugy bar?
Samsyk! Hanun Ysraýyly masgaralabam, jezasyny almaryn diýip oýlaýarmyka? Ol bu waka hiç hili erbet netije bermez diýip hasaplaýarmyka? Öz adamlary bilen beýle gatnaşyk edenlere Dawut gözüni ýummaz. Ol Hanuna jogap bermän, öz adamlarynyň hormatyndan düşüp bilmez. Galyberse-de, goňşy halklar Dawudyň rehimliligi barada eşidip, ony gowşak hasaplamaklary hem mümkindir. Eger Dawut hut şu wagtyň özünde çozmasa, onda ammonlar muny Ysraýylyň üstüne çozmaklyk üçin amatly pursat hasaplarlar. Dawut Ahytopelden maslahat soramaz. Ol özüniň näme etmelidigini bilýär: bu tekepbir ammonly patyşa şeýle bir sapak bermeli welin, ýagny mundan beýläk hiç kim Ysraýyly masgaralap, onuň üstüne çozup bilmesin.
Dawut ýaňyja piliştileri ýeňipdi, arameýleri Hadadezer şasy bilen derbi-dagyn edipdi we Edomyň ähli ýerlerine öz goşunlaryny hojaýyn edipdi. Indi bolsa Hanun özi ýanyp duran oda ýag guýýar. Hanun özüniň tutaşdyran odunda özi hem ýanar!
— Dawut, — diýip, Ahytopel ony ýuwaşja çagyrdy.
Dişlerini gyjadyp, Dawut özüniň gaharyny we ruhdan düşendigini görkezmejek bolup, gözlerini açdy. Adamlaryň ondan nämä garaşýandyklaryny ol bilýärdi: elbetde urşa. Olar nähili uruşmagy halaýardylar! Gan dökmekden olar nähili keýplenmäni tapýardylar! Ýogap bilen Abyşaý hem beýlekiler kimin edil ýabany eşek ýalydyrlar, olar hem parahatçylygy uýýan kimin halamaýardylar. Dawudyň edermen ýigitleriniň köpüsi Ýogap we Abyşaý ýaly zorluga ymtylýardylar. Parahat işler olary kanagatlandyrmaýardylar, özleriniň höweslerine erk berip bilerleri ýaly olar urşy keýseýärdiler. Olar uruşmak üçin kiçijik bolsa-da, bir bahana gözleýärdiler. Ine-de, Hanun olara bu bahanany tapyp berdi.
Kakasynyň goýunlaryny bakan döwürlerindäki özüniň azatlygyny ýatlap, Dawut aglamak isleýärdi. Şol günler ol günuzyn Hudaýyň kanunlarydyr parzlary hakynda oýlanýardy. Gündizine ol goýunlaryň yzynda ýöreýärdi, gijelerine bolsa özüni gurşap alanlaryň barynda Hudaýy synlap, ýyldyzlara seredýärdi. Onuň pikirlerini hiç kim bölmeýärdi. Hiç kim ony Hudaýa alkyş aýtmakdan saklamaýardy. Hudaý bilen gürrüňdeşligiň her bir sagadyndan ol keýplenerdi.
Indi bolsa agyr aladalara batan Dawut Hudaý bilen gürrüňleşmek üçin bar güýjüni ýygnamalydy. Ol bütin ýüregi bilen Hudaýa mezmurlar ýazyp, arfasynda Ony alkyşlamaga synanyşýardy. Ol kakasynyň goýunlaryny bakan günlerini küýseýärdi. Onuň bar aladasy goýunlara iýmit tapmaklyk we olary ýyrtyjylardan goramaklykdy. Indi bolsa onuň özi «ýyrtyjy» we uruşparaz adamlar bilen gurşalandy!
Dawut öňe egildi-de, kellesini iki eli bilen tutdy.
— Jenabym, — diýip, Ahytopel oňa ýakynlaşdy.
Dawut kellesini galdyrdy. Ol gaty ýadaw we göwnüçökgündi. Onuň kabul etjek kararlarynyň her biriniň hem bahasy gana barabar. Ýöne häzir onda saýlaw barmy? Ol — patyşa!
— Biz ýene-de söweşe taýýarlanmalydyrys, Ahytopel, — diýende, onuň gara gözlerinde ot bar ýalydy. — Ýör, meniň otagyma gideliň we maslahatlaşalyň, — diýip, Dawut ilçisiniň öz ýanyna gelmekligini üm bilen buýurdy.
— Ýogap, Abyşaý, sizem geliň!
Ol olaryň göwünleriniň hoşaldygyny gördi, çünki olar ýene-de urşa gitjekdiler.
Ýanyna gelýän ilçä Dawut şeýle diýdi:
— Gije dynjyňy al, soňra ýene-de yzyňa dolanarsyň. Tä sakgallary ösýänçe Ýerihoda galmaklaryny meniň hyzmatkärlerime ýetir.
Ol Hanunyň eden işi üçin ökünmegine mejbur eder.
* * *
Hanun şa öz goşunyny güýçlendirmek üçin arameý goşunlaryny kireýine alypdy, emma Dawut olara garşy söweşip, olary derbidagyn etdi. Hiç bir rehimsiz ol ammonlaryň üstlerine çözdy. Olar müň-müňläp gyryldylar. Bir ýyldan soň Dawud ammonlaryň paýtagty bolan Rabbaty gabamagy Ýogaba buýurdy.
Erkekler ýene-de söweşe ýola düşenlerinde, Batşeba ejesi bilen şäher derwezeleriniň alnynda durdy. Dawut özüniň gatyrynda oturyp, goşunbaşylary bilen gürleşýärdi. Olaryň arasynda Uryýa hem bardy. Batşeba patyşanyň ýanynda duran ärine guwanç bilen seredýärdi. Otuz sany edermen we güýçli esger öz goşunlaryna dolandy.
Her gezek sandygy şäherden söweş meýdanyna çykaranlarynda, Batşebany täsin tolgunma gabaýardy. Bu gutuda Hudaýyň ýokdugyny ol bilýärdi, ýöne bu sandyk Hudaýyň öz halkynyň arasyndadygyna güwä geçýärdi. Hudaý hemişe goşun bilen biledi.
Batşebanyň kakasy ýanyndan geçende, ejesi aglady.
— Her gezek ol söweşe gidende, ony ýene-de görermikäm diýip, men öz-özümden soraýaryn, — diýip, ejesi gözýaşlaryny süpürişdirip aýtdy.
Kakalary, doganlary we ärleri söweşe gidenlerinde, ähli aýallar gaty gaýgylanýardylar. Batşeba hem aglaýardy. Uryýa oňa köşgüň ýanynda ýerleşen jaýy sowgat etdi, ýöne özi bolsa, wagtynyň köpüsini köşkde geçirerdi. Käwagtlar Uryýa aýalyny güýçli söýýändigini görkezjek bolup, oňa gymmatbaha sowgatlar ederdi we Batşebany haýran galdyrardy. Äriniň hemmeleriň arasynda hormatly adamdygy üçin Batşeba guwanýardy, ýöne kakasy bilen babasynyň ony hormatlaýandyklary üçin bolsa, Batşeba aýratyn guwanýardy. Erkekleriň aglabasy edermen esgerlerdiler, emma olaryň bary-ýogy birnäçesi Batşebanyň adamsy ýaly sap ýüreklidiler. Uryýa sözünde durýan adamdy we ony şanyň goşunbaşylary söýýärdiler. Olaryň ençemesi Uryýanyň öýünde onuň bilen kän wagt geçirerdiler, Batşebanyň taýýarlaýan näz-nygmatlaryndan iýýärdiler. Batşebanyň özi bolsa hyzmatkäri bilen daşky otagda oturardy.
Eger Batşeba Uryýany söýüp bilsedi... diňe hormatdan we boýun bolmakdan başga-da uly duýga eýe bolsady!
Dawuda bir gezek seredeninde, Batşeba özüniň oňa bolan duýgusynyň wagtyň geçmegi bilen sönmändigine düşünmegi kyn däldi.
Ejesi onuň elinden tutdy.
— Uryýanyň aman-esen öýüňe dolanyp gelmekligi üçin dileg edýärin.
— Hudaý ony gorar, — diýip, Batşeba Dawudyň ähli esgerler bilen gitmekligiň deregine, gatyryny yza öwrüp, şähere tarap gelýändigini gördi:
— Dawut olar bilen gitmeýärmi?
Uryýa bu barada hiç zat diýmändi.
— Sen öz äriň barada ynjalyksyzlanmaly dälsiň. Ýogap bilen Abyşaý özleriniň goşuna ýolbaşçylyk edip bilýändiklerini subut etdiler.
Ejesiniň sesi gaty asuda eşidildi. Şu wagta çenli kämil adam diýip hasaplap gelen Dawudy Batşeba indi höküm edýärmikä?
— Ol öýünde galmaklygy bilen dogry edýär hasaplaýaňmy? — diýip, Batşeba ejesinde sorady.
— Paýhasly däl. Emma patyşanyň näme edip, näme etmeli däldigi barada oýlanarym ýaly men kimdirin? — diýip, ejesi yzyna öwrüldi-de, gyýgyryp aýtdy.
— Eger biziň ärlerimiz söweşmekden ýadan bolsadylar! Emma bu hiç haçan beýle bolmajak ýaly bolup görünýär. Olar edil söweşmek üçin, aýallar bolsa, patyşanyň goşuny üçin ogullar dogurmaklyk üçin ýaşaýan ýalydyrlar.
Batşeba ejesiniň elinden tutup, ony berk gysdy.
— Belki bu hemişelik şeýle bolmaz. Belki Hudaý Dawuda ähli duşmanlarynyň üçtünden ýeňiş berer we onsoň paragatçylyk bolar.
— Ýalta patyşadan oňat zada garaşma.
Batşeba ejesiniň elini goýberdi.
— Dawut hiç haçan ýalta bolmady!
Ejesi gyzyna seretdi.
— Hawa, sen mamla. Emma öz köşgüniň içinde ol kimi ýeňip biler? — diýip, ejesi sorady-da, ýoluna rowana boldy.
* * *
Dawut üçin günler gaty haýal geçýärdi. Aýallarydyr çagalary özleriniň şikaýatlarydyr haýyşlary bilen ony halys ýadatdylar. Kimdir biriniň jedelini eşitmän, ol hatda arkaýyn naharlanyp hem bilmeýärdi. Gyzlary we ogullary onuň özlerine üns bermeýänligine şikaýat edýärdiler. Ahyrynda ol bir ýuwaş ýere gidip, ýeke galardy. Ýeke galanynda bolsa ony howsala gabaýardy. Ol kanagatsyzlanmany we rahatsyzlanmany duýýardy. Durmuşyň manysy şundamyka? Ol mezmurlar ýazjak boldy, emma söz tapmady. Çalýan arfasynyň sesi hem ýakymly çykanokdy. Ol ýatyp, dynjyny almak isledi, emma näçe uklasa, şonça-da özüni ýadaw duýýardy. Dawudyň jany tukatlanýardy.
Wekiller gelip, Ýogap bilen Abyşaýyň ammonlary derbi-dagyn edendiklerini we Dawudyň buýrugy boýunça Rabbaty gabandyklaryny oňa habar berdiler. Emma Dawut hiç hili şatlygy duýmady. Açlyk zerarly ammonlar boýun bolýança birnäçe aýlaryň gerek boljakdygyny ol bilýärdi. Şäheriň diwarlaryna hujum Rabbatyň ýykylmagyny çaltlandyrardy, emma munuň üçin kän gan dökülmelidir. Dawut uruşdan halys ýadady!
Gaýgyly, keýpden gaçan we umydyny ýitiren şa öz ady dakylan şähere syn edip, köşgüniň tamynda aýlanyp ýördi.
* * *
Batşeba äriniň söweşden gaýdyp gelmegine garaşýan günleri wagt gaty haýal geçýärdi. Rabbatyň gabalandygy barada habar geldi, ýöne urşuň tizden gutarmajakdygyny Batşeba bilýärdi. Ammonlar boýun bolup, Uryýa gaýdyp gelýänçe ençeme aýlar geçer. Elbetde,
Ýekelik onuň esasy duşmany boldy. Ol Batşeba çydardan artyk agyryny ýetirýärdi. Käwagtlar Batşeba özüniň otagyna girip, ümsüm oturyp aglardy. Emma onuň nähili saýlawy bardy? Onuň üçin bagt elýeter däldi.
Şäher boşapdy we onuň içinde diňe aýallar we çagalar, söweşerden ýaşy ötüşen birnäçe erkekler bardy. Şeýle-de, bir ýerlerde uruş gidip durka, şäherde patyşanyň özi hem bardy.
Batşeba şanyň köşgüne gözlerini dikdi we ölemen söýýän aýallary we gyrnaklyry bilen gurşalan Dawudy göz öňüne getirdi. Ençeme ogullar we gyzlar ony şatlandyrýardylar. Seniň şeýle uly maşgalaň barka, heý, bagtsyz bolup bilermiň? Batşeba bolsa çagasyz we ärsiz ýeke otyr. Ol Uryýany näçe aý görmedi? Onuň bilen duşuşaryna çenli ýene näçe aý gerek bolar? Her bir geçip barýan aý bilen onuň çaga dogurmaklyk mümkinçiligi hem azalyp barýardy.
Batşeba eli bilen suw alyp, ýanyp barýan ýaňaklaryny ýuwdy. Ol özüni erbet duýýardy we ol munuň sebäbini bilýärdi. Her gezek ol her aýlykky dini ýuwunmasyny amala aşyranda, onuň özüne haýpy gelýärdi. Hiç haçan öýde bolmaýan är üçin özüňi taýýarlamagyň näme manysy bar? Aýlar geçer, emma ol hiç haçan ene bolmaklyk bagtyna hiç haçan eýe bolmaz. Gözleri gözýaşdan doldy, ýüregi bolsa gahardan doldy. Ony umytsyzlyk gabady.
— Hanym, ýuwunmagyňyz üçin hemme zat taýyn.
Batşeba eşiklerini çykaryp, içki howluda özi üçin taýýarlanan suwa girdi.
Günüň ýakyp barýan şöhlelerinde howlyny ýuka tuty goraýardy. Hyzmatkäri haýallyk bilen Batşebanyň üstünden suw guýdy we ol ýuwunmaga girişdi. Onsoň Batşeba hyzmatkäriniň hapa suwy çalyşýança, suwdan çykyp durdy. Tenindäki suw gamjalarynyň guraýşynyň salkynlygyndan keýplenip, gara saçlaryny eli bilen galdyrdy. Hyzmatkär dolanyp geldi we Batşeba ýene-de suwa girdi. Günüň şöhlesinde gyzan teniniň sowujak suwa çümeninde, Batşebanyň demi tutuldy. Ol uludan demini alyp, gözlerini ýumdy we kellesini galdyrdy.
Şäheriň gaty ýuwaşlygy sebäpli Batşebada geň duýgy peýda boldy. Bir geň zat bolaýmalydy.
Birden Batşeba tikeneklemäni duýdy. Kimdir-biriniň özüne seredýändigi ýaly bolup göründi. Ol howsalalyk bilen ýokary seretdi we tamda duran erkegi gördi. Ondan gorkup, Batşeba eli bilen bedenini ýapdy we azajyk gizleýän ýuka tuty bilen özüni örtdi. Günortan çagynyň ýakyp barýan jöwzasyndan gizlenip, adamlaryň aglabasynyň dynç alýan wagtlarydy. Bu adam tamda näme işleýärkä?
Özüniň ýekeligini betgelşiksiz halda bozan garawuly tanajak bolup, Batşeba nägilelik bilen kellesini galdyrdy. Ol baryny Uryýa gürrüň berer, kakasy bilen babasy gaýdyp gelenlerinde, olara-da gürrüň berer. Kellesini galdyryp seredende, Batşebanyň ýüregi dürküldäp, çaltlyk bilen urýardy.
Oňa köşgüň garawuly däl-de, gyzyl nagyşlar bilen bezelen ýeňsiz köýnekli bir erkek kişi seredýärdi.
Tolgunýan ýürekli Batşeba ýuka örtginiň arkasynda durdy. Onuň bedeniniň her bir öýjügini güýçli höwes gabady. Hatda şemalda emaý bilen ýelpildeýän örtginiň sesi hem ony göçgünli ýagdaýa getirýärdi. Batşeba Uryýa durmuşa çykanda, Dawudyň özüne seredişini ýadyna saldy we ýene-de patyşanyň gözlerinde gizlenýän özüne çekiji güýji duýdy. Eger Dawut oňa öňräk üns beren bolsady, onda ol häzir onuň aýaly bolardy we ol Batşeba şunuň ýaly aç gözleri bilen seretmezdi.
Batşeba özüniň öýe gaçyp, ýuwunmagyny soňrak tamamlamalydygyny bilýärdi, emma öýke we kine ony saklaýardylar. Dawudyň öz elinden goýberenine syn etmäge oňa rugsat berse bolmazmy, näme? Goý, ol ýetim galan owlagyň öz çopanynyň yzyndan ýöreýşi ýaly, hor we güne ýanan gyzjagazyň özüniň yzandan ýörändigini ýadyna salsyn! Kakasynyň öz islänine gyzyny äre bermekligine ýol bermezligiň deregine, belki Dawut indi Batşebanyň kime durmuşa çykjakdygyny soramak isleýändir?
Heniz Dawut oňa seredýärkä, gaýgylar tolkunlary Batşebanyň gaharyny basdy. Näme üçin ol tamda durup, onuň howlusyna seredýär? Bir gezek çagyranyndan gelmäge taýyn bolan öýünde ençeme owadan aýallary bolsa-da, näme üçin ol Batşeba seredýär?
— Hanym?
Birden gorkup, Batşeba töweregine göz aýlady we dere batdy. Onuň ýanynda hyzmatkäri durup, tama seredýärdi. Batşeba Dawudyň gidendigini görüp, özüni biraz ýeňil duýdy.
— Janyňyz sagmy, hanym?
— Men doga etdim.
Batşeba utandy. Özüni mynasyp däl halda alyp barandygyny aňyp, ol hyzmatkäriň elinden geýimlerini alyp geýindi-de, öýüne ylgap girdi. Öýe girip, gapyny berk ýapdy we oňa arka berip durup, gury köýnegini berk gysdy. Zordan gözýaşlaryny saklap, ol özüni düşegine oklady.
Bu näme etdigi boldy? Özüni synlamaga patyşa rugsat bereninde, Batşeba näme barada oýlandy? Çaltlyk bilen urýan ýüregini köşeşdirjek bolup, Batşeba elini döşüne goýdy. Duýgular ony dolduryp barýardylar: ol utanjy, özüne haýpy gelmäni, gahary, özüne bolan ýigrenji duýýardy. Dawut indi ol barada näme pikir etmelikä?
Äri bilen paýlaşan düşeginde iki bükülip, Batşeba ýüzüni eli bilen ýapyp, möňňürip aglady.
* * *
Dawudyň ýedi aýaly we ençeme gyrnaklary bardy, emma olaryň hiç birleri-de onuň ýaňyja goňşy jaýyň howlusynda suwa düşünip oturan aýalyň gözelligi bilen deň däldiler. Dawut ol aýalyň bedeniniň owadanlygyndan we her bir hereketlerinden tas özüni ýitiripdi. How enäniň özi-de ondan kämil bolup bilmezdi!
Ol özüniň tamdan seredýndigini aýalyň duýan pursadyny aňdy, çünki aýal doňup galyp, bökjeklemäge taýynlanýan keýik kimin kellesini ýokary galdyrypdy. Ol ilki bilen töweregine seredişdirip, onsoň bolsa ýokary bakdy. Dawudy gören aýal çaltlyk bilen ýuka örtgüniň arkasynda gizlendi. Suwa düşýän aýaly synlap duran pursadynda tutulany üçin birsalym wagtlap Dawut utandy. Emma ol şa we ol özüniň hususy köşgüniň tamynda ahyryn! Islän wagtynda onuň bu ýerlerde gezmelemäge haky bar. Ol aýal bolsa howluda däl-de, öýünde suwa düşünmelidir. Aýalyň şeýle etmegine näme sebäp bolduka? Ony görende, Dawudyň demi saklanypdy. Ol hiç haçan şunuň ýaly owadan aýaly görmändi.
Tamdan tizräk düşjek bolup, ol uly ädimläp başlady we garawullaryň birine duşdy.
— Joram! — diýip çagyrdy. Garawul Dawuda seredende, şa onuň öz ýanyna gelmekligini buýurdy.
— Lepbeý, meniň jenadym şa!
Dawut elini onuň egnine goýup, Uryýanyň öýi tarapa görkezdi.
— Şol jaýda bir aýal ýaşaýandyr. Onuň kimdigini bil.
Haýran galan garawul şanyň buýrugyny ýerine ýerirmeklik üçin çalt gitdi.
Dawut uludan demini aldy. Diwara galtaşyp durşuna, ol tä Joram köçede peýda bolýança aşak seredip durdy. Dawut yzyna öwrülip, çaltlyk bilen aşak düşdi. Ol beýleki garawuly ýanyna çagyrdy.
— Joram gelende, haýal etmän ony meniň ýanyma ugrat.
— Bolýar, meniň jenabym şa.
Ýatylýan otagynda ýeke galyp, Dawut garaşýardy. Wagt geçýärdi we ol barmaklary bilen dükürdedip başlady. Hiç rahatlanyp bilmän ýerinden böküp turdy. Ol hiç haçan şunuň ýaly güýçli höwesi duýmandy. Ol gaty tolgunýardy, ýöne ünsüni başga zatlara sowmajak boldy. Gözlerini ýumup, ol şol aýaly ýadyna saldy: onuň owadan elleri çar tarapa uzadylandy, edil doga edýäni ýaly kellesi ýokary galdyrylandy, onuň teni bolsa...
Dawut sabyr edip bilmän, otagyň o çetinden bu çetine ädimläp başlady.
— Näme üçin eglenýärkä?
— Garaşmaklyga mejbur bolany sebäpli ol henizem bir ýerde durup bilmän, otagda aýlanyp ýördi. Ol bu aýaly gaty küýseýär we bahasynyň näçe durýandygyna seretmezden, ol oňa eýe bolar.
Kimdir-biri gapyny kakdy.
— Gir!
Gapynyň agzynda Joram durdy.
— Gir we gapyny ýap, — diýip, Dawut çalt jogaba garaşyp aýtdy. — Näme bildiň?
— Ol aýalyň ady Batşeba.
— Batşeba? — näme üçin bu at oňa gaty tanyş ýaly? — Batşeba...
— Ol Eliýamyň gyzy we hetli Uryýanyň aýaly.
Dawut gülümjiredi we garawuldan daşlaşdy. Öňki ýadawlyk we rahatsyzlyk ýene-de ony basdylar.
— Gidiber.
— Jenabym şa näme isleýär?
Dawut dişlerini gyjatdy.
— Men hiç zat islemeýärin.
— Seniň üçin bolmajak zat ýokdur, jenabym. Sen —
Dawut ellerini sallap, başyny galdyrdy. Ol —
Höwes gaty güýçlendi.
— Jenabym şa näme isleýändir?
— Ony meniň ýanyma getir, — diýip islegini ses bilen aýdanynda, özüne ynsabynyň ezýet berýändigini Dawut duýdy, emma özüne garaşýan gije baradaky pikirler ony çaltlyk bilen basyp ýatyrdy. Ýöne ol näme bolsa-da, akyllyl bolmalydy:
— Garaňky bolýança garaş, onsoň aýaly getir we syr saklap bilýän birnäçe esgerleri-de ýanyňa çagyr.
— Eger aýal...?
Ol ýönekeý bir aýaldyr, özi bolsa patyşadyr.
— Buýrugy ýerine ýetir, — diýip, Dawut buýurdy.
Joram baş egip, otagdan çykdy. Batşebanyň geljekdigini Dawut bilýärdi. Öýüniň howlusynda Dawudyň bakyşyny edermenlik bilen garşylan pursadynda, Batşeba eýýäm onuň çakylygyny kabul edipdi.
Batşebany onuň ýanyna getirenlerine çenli birnäçe sagat geçer. Suwa düşünip, tenine hoşboý yslary çalyp ýetişmegi üçin bu wagt ýeterli bolar. Ol bu wagt içinde islendik aýalyň höwesini oýaryp bilýän, ýakymly ysly şemleri ýakyp, geljekki gijäniň arzuwyny hem edip ýetişer.
Şeýle-de, bu wagt günäniň ýeňmekligi üçin hem ýeterlikdir.
* * *
Günüň galanyny Batşeba aglap we indi mundan beýläk nädip patyşanyň ýüzüne seredip biljekdigi barada oýlanyp geçirdi. Ol bütin bedenini ýapýan giň geýim geýindi we kellesinde agyry duýanyna çenli saçlaryny darady. Onsoň Batşeba daragyny bagryna gysyp, möňňürip aglady. Onuň Dawuda bolan söýgüsini wagt aradan aýyrmandy. Şu gün özüne Dawudyň seredýändigini bileninde, Batşebanyň ähli köne duýgulary direldi we ony täze güýç bilen doldurdy.
Kimdir-biri gapyny kakdy.
— Hanym? — diýip, hyzmatkäriň howatyrlanan sesi eşidildi.
— Ýakynragyma gel!
— Hanym, gapynyň agzynda esger dur! — diýip, hyzmatkär gyzjagaz gorkudan titräp aýtdy. — Ol özüniň siziň bilen gürleşmelidigini aýtdy!
Esger! Batşeba böküp ýerinden turdy. Esgeriň gapynyň agzynda durandygyna Batşeba ýeke-täk düşündiriş berip bilerdi, — Uryýa ýaralanan ýa-da öldürilen! Gaty ses edip, Batşeba gapyny giňden açyp, hyzmatkäriň gapdalyndan ylgap, otagdan howla çykdy; hyzmatkäri bolsa onuň yzyna eýerdi.
Esger içeri girip, howlynyň gapysynyň alnynda durdy. Ýöne onuň geýimleri uzak ýoluň tozanyna bulaşan däldi. Ol köşk garawulynyň geýimlerini geýnendi. Sandyrap, Batşeba saklandy.
— Näme üçin bu ýere geldiň?
Onuň agzy gyşardy.
— Hanym, sizi patyşa çagyrýar.
— Meni çagyrýar?
— Hawa.
Esger yza çekilip, elini açyk gapy tarapa ugrukdyrdy. Onuň arkasynda ýene bir esger durup, Batşeba seredýärdi. Batşeba dere batdy. Ol ýene Dawudyň käýänindäki we özüniň uly daşyň arkasynda gizlenenindäki kiçijik gyzjagazy boldy. Batşeba gyzardy.
— Hanym, — diýip, hyzmatkär aglady. — Wah, meniň hamym.
Batşeba hyzmatkär gyza tarap öwrüldi-de, onuň elinden tutdy.
— Besdir, beýle aglama. Patyşa meniň göwnüme degmez. Ol meniň kakamy we babamy gowy bilýändir, — belki şonuň üçin ol Batşebany çagyrýandyr? Olar barada şa habar alan bolsa gerekdir. Çaltlyk bilen meniň ýaglygymy getir.
Gyzjagaz buýrugy ýerine ýetirmek üçin ylgap gitdi, howatyrlanan Batşeba bolsa, köşgüň garawuly bilen gapynyň agzynda durdy. Esgeriň eli gylyjynyň tutawajyndady, başy dikdi, garaýşy bolsa öňe ugrukdyrylandy. Rabbatdan erbet habarlar geldimikä?
— Patyşa meniň ejemi-de çagyrdymy? — diýip, Batşeba sorady. Ýakyn adamlarynyň aradan çykandyklaryny bu iki aýala habar bermeklik barada şanyň özi aladalansa bolaýmazmy?
— Siziň ejeňizi? — diýip, garawul gülümjiredi. — Ýokmuka öýdýän.
— Beýle bolsa, onda şanyň meni näme üçin çagyrandygyny sen aýdyp bilersiňmi?
Esger Batşeba seretdi we onuň gözleriniň bakyşy Batşebany utançdan gyzartdy.
Elindäki ýaglygy bilen hyzmatkär dolanyp geldi. Batşebanyň ýüregi gaty ses bilen urýardy. Ýüzüni hiç kimiň görüp bilmezligi üçin ol kellesinden aýagyna çenli örtündi. Gapydan çykanynda, onuň hem sag tarapynda, hem-de çep tarapynda esgerler durdular. Birinji gezek Batşeba şa köşgüne diňe öýünde geýýän geýimli gitdi.
— Yzym bilen! — diýip, köşgüň diňe hyzmatkärleriniň ulanýan girelgesine tarap garawul ýöredi we Batşebany şu girelgä alyp bardy. Eger aýalda şu wagta çenli şanyň çagyrmaklygynyň sebäbi barada şübheler bolanam bolsa, indi onda hiç hili şübhe galmady. Utanç gözýaşlary Batşebanyň gözlerini ýakyp barýardy. Şeýle ýagdaýa düşendigine diňe onuň özi günäkär. Ýüzüni örtgi bilen ýapyp, ol kellesini aşak sallady we gapdallaryna seretmän, köşgüň aşhanasyny we hyzmatkärleriň otagynyň ýanyndan geçip, basgançak bounça ýokary galdy. Garawullar gapynyň agzynda saklandylar. Biri gapyny kakdy, beýlekisi bolsa yza çekildi.
Gapy açylyp, kellesini galdyranda, Batşeba ýanynda duran garawullary-da ýadyndan çykardy. Gapyda Dawut durdy we aýaldan gözüni aýyrmaýardy.
Şa ýylgyryp, elini aýala uzatdy, Batşeba-da oňa öz elini uzatdy; barmaklary bilen elini emaý bilen, emma berk gysanynda, Batşebanyň demi saklandy. Ol aýaly özüniň otagyna girizdi we garawullara bolsa gapyny goramaklygy buýurdy:
— Seniň gelendigiňe men gaty şat.
— Meniň saýlawym barmydy?
— Sen öz saýlawyňy etdiň.
Dawut onuň ellerinden ogşady, gözleri bolsa ýylgyrýardy.
— Näme üçin sen ýüzüňi ýapýarsyň? Ol aýdan we günden hem ajaýyp ahyryn!
Kellesindäki ýaglygyny tutmaklyk üçin Batşeba elini galdyranynda, Dawut ýylgyrdy-da, yza çekilip, şeýle diýdi:
— Ýör. Men ikimiz üçin agşamlyk taýýarladym. Sen maňa hyzmat edersiň.
— Otagyň howasy süýji hoşboý yslardan doludy. Aşakda boýra ýazylandy. Otagyň töründe düşek görünýärdi. Giňden ýazylan saçak näz-nygmatlardan dolup gaşýardy.
— Näçe myhmana sen garaşýarsyň? — diýip, Batşeba sorady.
Dawut güldi we onuň mahmal kimin gülküsi Batşebany tolgunmaga mejbur etdi.
— Diňe seniň üçin, meniň mähribanym.
— Men aç däldirin, — diýip, Batşeba bar edermenligini toplap, patyşa seretdi. — Meniň kimdigimi sen bilýäňmi?
— Elbetde, — diýeninde, onuň garaýşy Batşebany sypalady. — Sen adatça oduň ýalnynda maňa seredýän kiçijik gyzjagazsyň. Meniň yzymdan Engedi çeşmesine baranyň ýadyňdamy?
— Men eýýäm kiçijik gyzjagaz däldirin. Men...
— Bütin şalygyň iň owadan aýalysyň, — diýip, Dawut synaýan ýaly edip, Batşebanyň gözlerine seretdi. — Şonda, Engedi çeşmesiniň boýunda sen meniň bilen gürleşmek isleýändigiňi aýdypdyň, men bolsa seniň öýüňe gitmekligiňi buýrupdym. — Onuň ýüzüni açjak bolup, Dawut örtgüsini aşak çekdi. — Indi meniň bilen gürleş, Batşeba, — diýip, ol Batşeba ýakynlaşdy-da, onuň örtgüsini aýyrdy. — Häzir näme barada oýlanýandygyňy aýdaý!
Örtgi aýalyň egninden aşak gaçyp, onuň aýagynyň astynda ýygryldy.
—
— Näme üçindigini sen bilýärsiň.
Batşeba özüniň ýaňagynda Dawudyň demini duýdy. Onuň teni tikenekläp gitdi.
— Gaty giç, — diýip, Batşeba pyşyrdady.
— Sen şu wagt şu ýerde — meniň ýanymdasyň.
Batşeba yza serpilip, alkymyny galdyrdy, gözýaşlyry zerarly ol patyşanyň ýüzüni çalaja görýärdi.
— Çagyrylyp, hyzmatkärler üçin niýetlenen derwezelerden edil jelep ýaly seniň ýanyňa getirilen! — diýip, Batşeba başyny çaýkady we ýene-de gözlerini sallady. — Gündiz özümi nähili alyp barandygymy ýatlasam, onda men munda hiç kimi-de günäkärläp bilmeýändirin. Meniň özüm günäkär. Men...
— Sen meni haýran galdyrdyň.
— Men? — diýeninde, onuň buýsançdan dolan ýüregi edil kiçijik gyzjagazyňky ýaly sandyraýardy. — Eý, Dawut! Meni öýüme goýber!
— Şu wagt däl, — diýip, ol aýalyň alkymyndan berk tutdy. — Sen bagtlymy?
Batşebanyň ýaňaklaryndan gözýaşlar akyp başlady.
— Nädip bu barada sen sorap bilýäň?
— Men seniň bagtly bolmaklygyňy isleýärin.
Dawut üns bilen Batşebanyň gözlerine seretdi we onuň ýüz-keşbi özgerdi. Dawut howatyrly görünýärdi.
— Toý dabarasy ýadyňdamy? Seniň gözleriňe seredenimde, meniň ýüregim saklanypdy. Men senden gözlerimi aýryp bilmedim.
— Ine, näme üçin sen toýdan çalt gidipsiň!
— Onda näme!
Dawut Batşebany gujaklajak boldy. Emma Batşeba eli bilen ony itekleýärdi. Oňa bir zatlar diýip, ony saklamalydygyny Batşeba bilýärdi. Ol Abygaýylyň bir wagtky edişi ýaly etmelidir: Dawudyň etjek bolýan günäsini oňa aýan etmelidir. Emma Batşeba onuň ýüreginiň özüniňkiden-de çalt we güýçli urýandygyny duýanynda, baryny ýadyndan çykardy. Dawut ony güýçli isleýärdi.
Dawudyň dodaklarynyň özüniň dodaklaryna degeninde, höwesiň girdabynda özlerini ýitirendiklerini Batşeba zordan aňýardy. Dawudyň barmaklary onuň saçlaryna aralaşdy. Ol nalyş bilen Batşebanyň adyny tutdy we duýduryş sözleri Batşebanyň dilinde doňup galdy. Batşebanyň tenini ot gabady we ol patyşa ýanaşyp, ýekeje-de söz aýtmady.
Eger özüniň ýekeje söz aýdaýanynda, Dawudyň özüne gelip, ony öýüne goýberjekdigini Batşeba bilýärdi.
* * *
Birnäçe sagatdan soň Dawut düşeginiň ýanynda durup, uklap ýatan Batşeba seredýärdi. Ol şeýle bir owadandy welin, Dawudyň ýüregi awap gysdy. Ýöne tizara daň atar. Aýalyň bu ýerde bolandygyny hiç kim bilmänkä, Dawut ony köşkden çykarmalydyr. Ukudan turup, öz ýanynda Batşebany göreninde bolsa, Dawut Ahytopel, Eliýam we Uryýa barada we bu gizlin gatnaşyk barada bilenlerinde, olaryň näme etjekdikleri hakynda oýlandy.
Dyzyna çökdi-de, Dawut aşak egilip, Batşebany ogşady. Ol bolsa heniz ukusyndan doly oýanman haýallyk bilen gözlerini açdy we ýylgyrdy.
— Dawut, — diýip, uludan demini aldy.
Dawudyň ýüregi çalt işleýärdi. Öz duýgularyndan haýran galan Dawut ýerinden turdy.
— Eýýäm daň atyp barýar, Batşeba. Sen gitmelisiň.
Onuň ýylgyrşy kesildi.
Batşebanyň gözlerinde agyryny göreninde, Dawudyň ýüregi agyry sebäpli gysyldy. Çaltlyk bilen beýlesine öwrülip, Batşeba ýorgany üstüne çekdi. Gije ol utanjy ýadyndan çykarypdy, çünki ol höwesiň ýesirligindedi. Emma daňyň atmagy bilen bary öz ýerine dolandy.
— Seniň aman-esen öýüňe barmaklygyň üçin meniň garawullarym seniň bilen bile giderler, — diýip, Dawut aýtdy.
Näme üçin ol özüni günäkär saýýarka? Olar hem bagtly bolmaklyga hukuklydyrlar, şeýle dälmi ahyryn?
Batşeba oturdy.
— Öýümiň ýoluny men bilýändirin.
Batşebanyň geýimleriniň mylaýym şybyrdylaryny eşidip, Dawut oňa tarap uzaldy.
— Batşeba, — diýip, höweslerden ýanyp barýan Dawut bogulan sesi bilen aýtdy. Batşeba birden ondan daşlaşdy. Emma Dawut onuň egninden berk tutup, öz ýanynda ýatmaklyga ony mejbur etdi. Batşeba onuň ellerinden sypjak boldy, emma Dawut ony berk gujaklap, pyşyrdady:
— Batşeba... — Dawut onuň boýnundan ogşady. Şeýle gijeden soň ol nädip ony goýberip biler? Dawut onuň teniniň hoşboý yslaryndan dem alyp, özüniň öljekdigine düşündi.
— Bir gije ýeterlik bolar diýip oýlapdym, — diýip, Batşeba gözlerini elleri bilen ýumdy. — Şu gijäniň ýatlamalary bilen ýaşap bilerin diýip oýlapdym. Emma indi... men... men özümi... haram duýýaryn!
Batşeba howatyrlandy. Onuň sözleri edil aýna kimin özüniň hususy duýgularyny serpikdirýärdi.
— Seni öýüňe ibermegi men isleýändirin öýdýäňmi? — diýip, Dawut aýdanynda agyry duýdy we ol gaty aljyraňňylyga düşüpdi. — Eger şäherde munuň üçin gykylyk bolmasa-dy, onda men seni öz ýanymda galdyrardym. Seniň kakaň... babaň.
— Meniň ärim!
— Aramyzda bolany hiç kim bilip ýetişmänkä, men seni köşkden ugratmalydyryn.
Dawut Batşebanyň gaty tolgunýandygyny duýdy. Haçanda Dawut Batşebanyň boýnundan ogşajak bolanynda, ol uludan demini alyp, Dawutdan başga tarapa öwrüldi.
— Peýdasy ýok... Kimdir-biri hökman biler we men ölerin.
Dawut gazaplandy:
— Hiç kim hem bilmez!
Batşeba oňa tarap öwrüldi we Dawut onuň gözlerinde gorkyny gördi.
— Adamlar eýýäm bilýändirler, Dawut! Seniň garawullaryň, meniň hyzmatkärim. Seniň esgerleriňiň meni hyzmatkärler üçin niýetlenen girelge boýunça getirişlerini görenleriň bary bilýändirler.
Dawut onuň saçlaryny sypalady.
— Öz patyşasyna garşy çykarlary ýaly olar kimmişin? Meniň adamlarym seslerini çykarmazlar we sen hem öz hyzmatkäriňe duýdur, ýagny ýaşamak isleýän bolsa, onda, goý, dilini saklasyn! — diýeninde, Dawut aýalyň gözlerinde gorky gördi we mylaýym gürledi. — Meniň nähili rehimsiz bolup biljekdigimi sen göz öňüne getirmändiňmi?
Dawut ýylgyrjak bolup synanyşdy, emma onuň ýüreginde güýçli isleg bardy. Onuň bütin durky özüne Batşebanyň degişli bolmaklygyny talap edýärdi.
— Gulak as, söýgülim. Goý, kimdir biri bu gije barada gep ýaýradar diýeliň. Emma haýsy bir ruhany maňa günäkärleme ýöňkemekligi başarar?
— Natan başarar.
— Natan meni bilýändir. Ol dürli gürrüňleri bes etdirer we olary biderek gybatlar hasaplap, üns hem bermez. Galyberse-de, adamlar garawullaryň we hyzmatkäriň sözüne ynanarlarmy ýa-da şanyň? — Dawut ogşama bilen Batşebanyň ýüzüniň gözýaşlaryny şüpürdi. — Maňa ynanaý. Hiç kimiň saňa azar bermekligine men ýol bermerin. Ant içýärin!
— Men saňa hemişe ynanardym, Dawut. Meniň kakam sen barada sözünde tapylýan adam diýýär.
Dawut durky bilen sandyrady, emma şol pursat öz-özüni goramaklyk hökmünde onuň ýüreginde gahar oýandy. Bir gijäni göwnüniň islän aýaly bilen geçirenligi sebäpli näme üçin ol özüni günäkär saýmalymyşyn?
Gizlin edileniň näme zyýany bar? Ol — patyşa. Ol azajyk bagt gazanmadymy ahyryn? Patyşalar hemişe öz islänini edýärler. Näme üçin ol hem etmeli dälmişin? Ysraýylyň ähli tirelerini birleşdirmekde ondan başga kim özüni aýaman hyzmat çekdi? Kim Golýaty öldürip, ysraýyl goşunlaryny birleşdirdi? Kim halky ýeňişden ýeňşe alyp bardy? Kim diňe halkyň söýenligi üçin adalatsyz günäkärlemeleri we yzarlanmalary başyndan geçirdi? Kim bu agyr ýyllaryň içinde Hudaýy alkyşlady? Galyberse-de, özüniň hususy otagynda näme işleýändigi onuň şahsy işidir.
Bulara seretmezden, bu gije barada hiç kimiň bilmezliginiň oňatdygyny Dawut bilýärdi. Ol özüniň köne dosty Eliýam barada oýlanýardy. Ol özüniň maslahatçysy bolan Ahytopel barada oýlanýardy. Ol edermen we wepaly esger Uryýa barada oýlanýardy. Eger olar Batşebanyň Dawudyň düşeginde gijäni geçirendigini bilseler, onda gaty gaharlanarlar. Olaryň üçüsi-de Hudaýyň adamlarydylar we kanunyň harpyny ýerine ýetirýärdiler. Musanyň kanuny bolsa jelepçiligi ölüm bilen jezalandyrýandyr.
Batşebany nähili howpa salandygy göz öňüne geleninde, Dawudy gorky gaplady. Emma şol bada özüniň patyşadygyny ýadyna düşürip, ähli elhenç pikirleri özünden daş etdi. Kim şanyň söýýän aýalyna zyýan ýetirmäge synanyşar?
— Batşeba, hiç kim saňa daş oklamaga synanyşyp bilmez.
Batşeba azar bermäge synanyşanyň hemmesini ol öldürer.
Özüniň Batşeba azar berýändigi onuň kellesine-de gelmedi.
* * *
Dawut ýene öz ýanyna çagyrar diýip, Batşeba garaşdy, emma ol çagyrmady. Batşeba şanyň tamyna syn etdi, emma ol peýda bolmady. Ol barada aýdylan her bir sözi Batşeba gapýardy, emma onuň eşidýäni diňe şulardy: «Şa öz köşgünde dynç alýar, biziň ärlerimiz bolsa, Rabbatyň boýunda ammonlar bilen söweşýärler!».
— Bu biziň söweşimiz, — diýip, Batşeba Dawudy goraýardy. — Dawudyň ilçilerini masgaralanlary üçin ammonlara jeza berilmese, onda olar Dawudy gowşak hasaplap, Iýerusalimiň üstüne çözmaklary mümkindir. Goý, olar şu ýerde söweşenlerinden, Rabbatda söweşsinler.
Dawut şalygyň işleri bilen meşguldyr diýip, Batşeba özüni ynandyrmaga synanyşýardy, emma onuň ýüregine gabanjaňlyk aralaşypdy. Ony özüniň hususy oý-pikirleri gününe goýmaýardy.
Dawut göwnüniň islän aýalyny alyp bilerdi!
Günler geçýärdi we Batşebany gorky we eden işine puşman etmeklik gabaýardy. Eger ol şol gün elhenç agyryny başyndan geçirip, howlusynda utançsyz halda ýuwunmagyny bes etdirip, öýüne ylgap giren bolsady... Emma özüniň gaýgylarynda Batşeba özünden başga hiç kimi günäkärläp bilmeýärdi. Ol meýletinlik bilen Dawudyň ýanyna bardy. Ýaşlyk çagyndan saklap gelýän söýgüsi özüni Dawuda berenligini aklar diýip, Batşeba hasaplapdy. Dawut Batşeba üçin hudaýdy.
Özüni patyşa bermezliginden ozal näme üçin ol kanun barada oýlanmady? Ýekeje-de daş oňa degmez diýip, Dawut ynandyrypdy. Emma ruhany ony kanuny bozanlygynda aýyplasa, onda Dawut näme edip biler? Dawut bilen özüniň arasynda bolan waka aýan bolsa, onda adamlaryň kimi günäkärlejekdiklerini Batşeba bilýärdi we bu barada onda hiç hili-de şübhe ýokdy. Dawut söýgüli patyşadyr. Batşeba bolsa — bary-ýogy gowşak bir aýaldyr.
Zyna! Batşeba zyna günäsini etdi. Haçanda özüni dogran ejesi, kakasy we babasy Musanyň kanunlaryny berk tutýarkalar, nädip ol beýle günä baş goşup bildi?
Bir hepde geçdi, onsoň ýene biri we ýene biri, Batşebany bolsa hiç-de köşge çagyrmaýardylar, Dawudyň ony ýatlaýandygy barada hiç hili habar-da, yşarat-da ýokdy. Nädip ýeňillik bilen ol Batşebadan ýüz dönderdi!
Bir aý geçdi we Batşebany gorky eýeledi. Uryýadan göwreli boljak bolup geçiren birnäçe ýyllary üstünliksiz boldy, Dawut bilen geçiren bir gijesinden soň bolsa, ol göwreli boldy! Näme üçin hut şu wagt? Näme üçin şeýle ýagdaýlarda? Indi ol näme edip biler?
Dawudyň mähirliligi Batşebany üýtgedäýdimikä? Patyşanyň gözlerinde söýgi görýändiginde öz-özüni aldadymyka? Emma ol söýýän bolsa, onda näme üçin çagyrmaýar? Ýa-da hiç bolmanda bir habar-da ibermeýär?
Batşeba elleri bilen kellesini tutdy. Ýedi aýal we on gyrnak! Batşeba Dawuda gerekmikä? Özi bilen geçirilen bir gijeden soň göwreli bolanyna Dawut nähili serederkä? Birnäçe aýdan soň hemmeler Batşebanyň jelepçilik edendigini bilerler. Hyzmatkäri Batşebanyň göwrelidigini we çaganyň kakasynyň kimdigini bireýýäm bilýär. Bedenindäki özgerşigi tizden ejesi-de biler. Tizara erkekdir aýal ýa-da çagadygyna seretmezden, her bir adam Batşeba seredip, onuň syry barada bilerler.
Sandyrap, Batşeba elini garnyna goýanda onuň ýüregi gorky bilen şatlygyň arasynda dilim-dilim bolýardy. Onuň göwresinde patyşanyň çagasy bardy, ýönekeý bir şanyň däl, eýsem özüniň çagalyk gözleriniň gahrymany bolan Dawut şanyň çagasydy. Hawa, mezmurçy, halklary ýeňiji Dawudyň çagasy! Dawut Batşeba üçin hudaýdy.
Birden ýiti agyry onuň ýüregine aralaşdy. Ol şol ýowuz gün Dawudyň duran ýeri bolan köşgüň tamyna seretdi. Göwreli bolanynda özüniň bagtly boljakdygyny Batşeba hemişe oýlaýardy we ata-enesiniň we söýgüli äriniň şatlanjakdyklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Batşeba ömründe hiç haçan häzirkisi ýaly gorkyny we umytsyzlygy başyndan geçirmändi! Ähli ýyllaryň içinde ýüreginde saklap gelen Dawuda bolan söýgüsi, göwreli bolanlygynyň sebäbi boldumyka?
Emma indi olaryň günäleriniň gaýgyly netijesinden ony diňe patyşanyň özi gorap biler. Emma ol muny etmegi isleýärmikä?
Dawudyň dymmaklygy Batşebany gaýgylandyrýardy we özüniň ärine haýynlyk edenini Uryýa bileninde, onuň näme etjekdigi baradaky pikir Batşebany howsala salýardy. Nädip ol özüni aklap biler? Köşge barmaklyga Dawut ony güýç bilen mejbur etmändi!
Batşeba hiç haçan Uryýany masgaralamak islemändi. Ol oňat adam we söýgüli ärdi. Emma onuň Batşeba ýakynlaşmagy hiç hili netije bermeýärdi. Dawudyň gujagynda bolsa, Batşeba eräp, asmana uçupdy. Bütin ýüregiň bilen söýýän adamyň bilen bolmaklyk gaty erbet zatmyka? Batşebanyň bir gijelik söýgä, bir gijäniň bagtyna eýe bolmaklyga hukugy ýokmuka? Bu ýeke-täk gije onuň bütin durmuşyny küle öwürdimikä?
Bu adalatly däl!
Batşeba Uryýa üçin niýetlenen däldi. Ol Dawut üçin niýetlenendi. Elbetde, bu olaryň birnäçe sagatlyk bagty ogurlamaklaryny doly aklap bilerdi. Dawut bilen geçirilen gijeden özi üçin ömürlik täsin ýadygärlik galar diýip, aýal oýlanypdy, emma munuň deregine ol indi gynanýar. Dawudyň Batşebanyň ýüreginde ýakan odunyň ýalyny aýalyň durmuşyny küle öwürýärdi. Ol özüni taşlanan ýaly duýýardy, geljek ony gorkuzýardy. Dawuda bolan söýgi Batşebany çenden-aşa doldurýardy. Suwsaýan üçin suwuň akyşy ýaly Batşeba hem öz şasy, özüniň hudaýy Dawuda berlipdi. Ine-de, indi ony ot ýakyp barýardy, ömründe hiç haçan ol ýekeligi şunuň ýaly ýiti duýmandy. Emma bir zatlary üýtgetmeklik üçin gaty giçdi. Bu ýeke-täk göýgi gijesi üçin Batşeba nähili baha tölemeli bolarka? Uryýa, ejesi, kakasy we babasy. Batşeba hatda bu barada oýlanyp hem bilmeýärdi. Özüniň günäsini olara aýan edeninden, öleni oňatdyr. Emma özüni ýaşaýyşdan kesmeklige onuň güýji ýetermikä?
Titräp, Batşeba ýene-de elini garnyna goýdy. Eger ol ölse, onda Dawudyň çagasy hem öler. Ony gapma-garşylykly duýgular bizar edýärdiler. Göwresinde täze durmuşyň peýda bolandygyny ol şatlanýardy. Hemmelere mälim bolmazyndan ozal, günäsiniň subutnamasyny gan akymynyň öz bedeninden çykarmagyny ol isleýärdi. Çagasynyň jelepçilikde dörändigini hemmeler bilerler. Eger äri eýýäm birnäçe aýlap söweşde bolýan bolsa, onda ol nädip aklansyn? Batşeba özüni gurşap alan, elleri daşly adamlaryň gazaply gykylyklaryny göz öňüne getirýärdi. Ol özüne ejesiniň nähili höküm we nähili agyry bilen seredýändigini göz öňüne getirýärdi. Ejesi gyzynyň ýüregini hemmelerden-de oňat bilýärdi.
Ol Batşebanyň Dawuda bolan söýgüsini öňden bäri bilýärdi. Ol gyzyna çaga arzuwlaryny kellesinden taşlamaklygyny we ölemen söýgüni ýadyndan çykarmaklygy maslahat bermändimi ahyryn? Öz ýüregini gorap saklamalydygyny ejesi oňa aýtmanmydy ahyryn? Hiç kim hem şany günäkärlemez, bar günäni Batşebanyň boýnuna basarlar.
Hiç kim hem indi oňa kömek etmez. Dawutdan başga hiç kim. Emma ol oňa kömek etmek islärmikä?
Ellerini goýberip, Batşeba olary dyzlary bilen gysdy. Dymmaklyk biperwaýlygy aňladýan däldir. Oňa hiç kimiň zyýan berip bilmejekdigini Dawut wada bermänmidi ahyryn? Ol ant içmänmidi? Dawut sözünde durýan adam dälmidir?
Batşeba Uryýanyň hatynyň kagyzyndan bir bölejik ýyrtyp aldy. Dawut oňa kömek eder. Ol hökman kömek etmelidir! Ol patyşa gysgajyk hat ýazdy. Birnäçe gezek epledi-de, bagjyk bilen daňdy. Onsoň hyzmatkärini çagyrdy.
— Al-da, şuny patyşa ýetir.
— Eger meni garawullar göýbermeseler näme?
— Joramy sora. Oňa haty ber. Munuň menden patyşa üçindigini aýt.
— Hawa, meniň hanym.
Batşeba gapyny ýapyp, oňa maňlaýyny diredi. Geljegiň iň elhenç suratlary onuň göz öňüne gelýärdi. Elbetde, oňa kömek etmekligi Dawut özüniň borjy hasaplar. Elbetde, ol Eliýamyň gyzyny, Ahytopeliň agtygyny taşlamaz. Elbetde, Batşebanyň haýynlygy barada Uryýanyň bilmezligi üçin Dawut bir zatlar etmäge synanyşar. Emma Dawut näme edip biler? Onuň çagasyny başga şäherde dogurary ýaly ol Batşebany gizläp bilermi? Ol ony nirä iberer? Nirä? Nirä!
Özüniň durmuşyna Dawudyň biperwaý seredýändigine Batşeba ynanmaýardy. Şeýle howp astynda aýaly öz köşgüne getireninden soň, Dawut Batşeba biperwaý bolup bilermikä? Emma bu kynçylygy çözmeklik üçin ol näme eder?
Gaty howsalalanan Batşeba oturdy. Onuň saýlawy ýokdy. Diňe garaşmaklyk galýandyr. Onuň durmuşy şanyň elindedir.
* * *
Garawul gulagyna pyşyrdanynda, Dawudy elhenç duýgy eýeledi:
— Uryýanyň aýaly Batşebanyň hyzmatkäri hat getirdi.
Batşebanyň ady baradyky ýatlamanyň özi Dawudyň bütin janyny ygşyldatdy, ýadyndan çykarmaklygyň gowy boljakdygyny bilýän duýguny oýardy. Batşebadan başga ýekeje-de aýaly şunuň ýaly küýsemeýärdi. Günäniň paş edilmekligini köpeldýändigini bilip, Dawut soňky hepdeleriň içinde Batşebany ýene-de çagyrmaklyk keýpinden näçe gezek saklanypdy? Batşebanyň öz dostunyň aýalydygyny, iň oňat goşunbaşylarynyň biriniň gyzydygyny we özüniň hemişe sylaýan Ahytopeliň agtygydygyny Dawut öz-özüne ençeme gezek ýatlatmalydy! Dawudyň öz gaýgylary-da ýeterlikdi, indi bolsa bir kemi dostlaryny duşmanlara öwürmeklik ýetenokdy!
— Ony meniň ýanyma getir, — diýip, ol garawula buýurdy.
Üýşüşenleriň bilesigeliji garaýyşlarynda Dawut kiçijik hatyň bagjygyny çözdi. Ol Batşebanyň gysgajyk hatyny okady we ýüregi tas saklanypdy. Ol gaty dere batdy. Bütin sap ýürekliligini puja çykaryp bilýän bary-ýogy iki söz gulaklarynda ýaňlandy.
Bu sözlerde Dawut özüne günäkärlemäni okady we Batşebanyň kömek baradaky umytsyz gykylygyny eşitdi. Ýüzüni çytyp, ol barmaklary bilen hatjagazy düýrlerýärdi. Günäkärlik duýgusy ony eýeledi.
Batşebanyň hatyny düýrläp, Dawut özüni kürsä oklady we şanyň ýanyna hususy işleri bilen gelen nobatdaky erkegi ýanyna çagyrdy. Dawut ony sabyrsyzlyk bilen diňledi-de, haýyş edýäni kanagatlandyrmaýan jogaby berdi. Batşeba ölüm howpundaka, beýle biderek jedelleri çözeri ýaly Dawudyň wagty ýokdur. Batşebany nädip halas etmekligi ol oýlanmalydy. Eger Dawut özleriniň günäsini gizlemekligiň usulyny tapmasa, onda onuň goşunlarynyň arasynda tolgunma başlar. Esgerler oňa bolan ynamlaryny ýitirerler we belki-de, oňa garşy gozgalaň turuzmaklary mümkindir.
— Ýeterlikdir! — diýip, hyzmatkärini özünden daşlaşdyryp, Dawut ýerinden turdy. — Meniň ýeke özüm galmalydyryn.
Onsoň ol otagyna girip, gapyny berk ýapdy. Düýrlenen haty tüsseläp duran hoşboý ysly közlere atdy we onuň ýanyşyna syn edip durdy.
Näme etmelidigini oýlap tapýança ol kellesini elleri bilen gysyp, bütin bir sagatlap oturdy. Özüniň oýlap tapan çykalgasynyň hem Batşebany, hem-de özüni masgaralanmakdan halas etjekdigini we ýakyn dostlaryna bolsa, şatlanmak üçin sebäp boljakdygyny Dawut bilýärdi. Ol özüniň kellelidigine ýylgyrdy-da, Joramy çagyrdy.
— Rabbata hat iber we hetli Uryýanyň meniň ýanyma gelmekligini Ýogaba ýetir.
Joram baş egip, şanyň ýanyndan aýryldy.
Täsin halda göçgünli bolan Dawut täjini çykardy-da, ony düşegine atdy. Onsoň elleri bilen saçlaryny daraşdyrdy. Dawut Batşebany çagyryp, özüniň oýlap tapan çykalgasyny oňa düşündirmeklik synagy bilen göreşýärdi, ýöne ol bu synagy basyp ýatyrdy. Eger bir aýdan hem az wagt içinde masgaralanmakdan gorkmaklyga hiç bir sebäbiň bolmajak pursadynda, ýene-de bir gezek ýalňyşmaklygyň näme geregi bar? Uryýa Iýerusalime dolanyp geler we Dawut ony ýönekeý esger ýaly däl-de, eýsem wajyp habar getiren ilçi hökmünde hormat bilen garşy alar. Rabbatda näme bolýandygyny Dawut bilmek isleýärdi. Onsoň ol hetlini aýalynyň ýanyna öýüne iberer.
Batşeba Ahytopeliň agtygydy. Elbetde, ol näme etmelidigini çalt aňar we çykalga girýän öz borjuny ýerine ýetirer. Hatda Dawut gullugy üçin höweslendirme hökmünde Uryýa näz-nygmat we şerap hem iberer. Uryýa ýaly uzak wagtlap öýünde bolmadyk her bir erkek adam, aýaly bilen duşuşygy gaty küýseýändir.
Dawut ýumrugyny gysdy, gabanjaňlyk onuň ýüregini ýakyp barýardy. Tapan çykalgasy ýigrençdi, emma ol onda hiç bir kemçilik görmeýärdi. Batşebanyň başga erkek bilen ýatjakdygy baradaky pikir kellesine geleninde, dürli duýgulary başyndan geçirýändigine seretmezden, ol Batşebanyň janyny we özleriniň çagasyny halas edýär. Bu çykalga olary kyn ýagdaýdan alyp çykar. Eger bary Dawudyň oýlaýşy ýaly bolsa, onda Uryýa aýalynyň haýynlyk edenini hiç haçan bilmez. Kanunyň ýekeje-de harpyny bozmaýan hormatly adamyň öz çagasynyň kakasy boljakdygyndan Dawut hoşal bolmasa-da, kanagatlanýardy.
Dawut ýumruklaryny boşadyp, uludan demini aldy. Şanyň çykalgasyndaky öz etmeli işini etmekligi üçin Uryýa
Çözgüdi kabul edip, Dawut düşeginde uzalyp ýatdy we agşama çenli uklady.
* * *
Hyzmatkäri gapyny açanda, garaşmakdan ýadan Batşeba böküp aýagyna galdy.
— Nähili täzelikler?
Gyzjagaz biynjalyk bilen gözlerini ýumuşdyrdy.
— Garawul meni şa köşgüne alyp bardy.
— Şa köşgüne?
Batşeba ysgynsyzlygy we kelle aýlanmany duýdy. Onuň hatyny patyşa bereninde, näçe adam bardy? Näçe diller indi gybat edýärkäler? Batşeba bular barada soramady. Ol bu barada bilmek islemedi.
— Meni kimiň goýberenini aýtmagymy Joram talap etdi, — diýip, hyzmatkär aglady. — Meniň hanym diýip, men aýtmaly boldum. Hawa. Emma men ýuwaşja aýtdym. Men şeýle ýuwaş aýtdym welin, hatda ol aşak egilip, meniň ýene-de gaýtalamagymy haýyş etdi. Onsoň ol şanyň ýanyna baryp, haty oňa berdi.
— Hemmeler hem eşitdilermi?
Hyzmatkär gyzardy.
— Ýok. Ol patyşanyň gulagyna pyşyrdap aýtdy.
— Nähili bolandygyna seretmezden, Batşeba özi üçin öňküsinden-de beter etdi. Batşeba titredi.
— Joram meniň hatymy aldymy?
— Hawa, meniň hanym.
— Ol ony Dawuda berdimi?
— Hawa, meniň hanym.
— Onsoň patyşa seni çagyrdymy? Ol meniň üçin saňa hat berdimi? Ol saňa bir zatlar diýdimi?
— Ýok, hamym, ýok, töwerekde ençeme adam barka, şa nädip maňa bir zatlar diýip bilsin? Ol... çagyrdy...
— Çagyrdy...?
— Hawa, ol öz işleri bilen gelen nobatdaky adamy ýanyna çagyrdy.
Batşeba yzyna öwrüldi.
— Gidiber.
— Wah, meniň hanym...
— Gidiber!
Batşeba ýeke galyp, aşak çökdi we elleri bilen ýüzüni ýapdy. Dawuda bolan söýgüsine we sessiz-üýnsüz oňa özüni berenligine puşman ederi ýaly indi gaty giç. Onuň edip biljek ýeke-täk alajy — bu Dawut beren wadasyny ýadyna salmazmyka diýip garaşmaklykdyr.
Häzirlikçe bolsa, Batşeba üçin özi barada patyşa edil ýadyndan çykaran ýalydy.
Üçünji bap
Tagtynyň ýanyna ýakynlaşyp gelýän Uryýa Dawut baha beriji halda seretdi. Uryýa uzyn boýly, giň eginli, hemişe açyk meýdanda bolany sebäpli onuň ýüzi şemallandy, agzynyň çyzygy bolsa, onuň häsiýetiniň durnuklylygy barada güwä geçýärdi. Esger kellesinden tuwulgasyny çykaryp, ony goltugynda tutup gelýärdi. Dawut onuň çekgesinde ak saçlary gördi. Uryýa tagtyň öňünde salkanyp, elini ýüregine goýdy-da, aşak egilip, tagzym etdi.
— Jenabym patyşa.
Hetli göneleninde bolsa, özüniň wepalylygyny we edermenligini görkezen, şeýle hem goşunbaşylaryň, hem-de Dawudyň özüniň-de sylaýan adamynyň öňünde patyşa hormat hökmünde başyny aşak egdi. Uryýanyň gözlerinde Dawut hiç hili bilesigelijilik görmedi. Ol özüne buýrulan islendik buýrugy hiç bir soragsyz ýerine ýetirýän oňat esgerdi. Şanyň näme buýursa-da, Uryýanyň etjekdigini Dawut bilýärdi.
Dawut rahatlanyp, tagtynda arkaýyn oturdy. Onuň oýlap tapan çykalgasynyň ýerine ýetmegi kyn däldi.
— Jogap nähili? Goşun barada we siziň üstünlikleriňiz barada maňa gürrüň ber.
— Bary oňat, meniň jenabym, şa.
Şeýdip, Uryýa Ýogap bilen Abyşaýyň baştutanlygyndaky söweş hereketleri barada baryny gürrüň berdi. Ol Rabbatyň golaýynda bolýan wakalary doly suratlandyrdy. Ammonlar bilen çaknyşyk barada we olaryň edil «guýruklary gysylan itler kimin» gaçandyklary barada gürrüň berdi. Dawut Uryýa bilen bile güldi. Geçen ýyl Dawudyň Hadadazeri ýeňenden soň ähli halklara gorky abanandygyny hem gürrüň berdi.
— Ýeke Hanun galdy. Emma onuň ölümi hem daş däldir. Rabbat ýykylanynda, Hanunyň täji seniň eliňde bolar.
Dawud ýylgyryp, başyny yrady.
— Dogrudanam oňat habarlar. Şeýle dälmi?
Ol Uryýany höwes bilen diňleýän beýleki erkeklere seretdi. Dawut ýene-de öz esgerine seretdi. Oňa özüniň rehimdarlygyny görkezmegiň iň oňat pursady.
— Meniň dostum, sen Iýerusalimde eglenip bilersiň. Öýüňe git-de, dynjyňy al.
Uryýa ýüzüni çytdy, emma hormat bilen başyny egip, şeýle diýdi:
— Jenabym şa!
Elini ýüregine gysyp, ol ýene-de patyşa tagzym etdi, onsoň ýerinden turup, yza çekildi we tersine öwrüldi. Uryýanyň ähli hereketleri onuň tejribeli esgerdigini görkezýärdi. Hetliniň uly ädimleri bilen tagtyň ýanyndan aýrylyp gidişini görende, Dawudy gabanjaňlyk bogup barýardy.
— Joram, — diýip, Dawut garawulyny ýanyna çagyrdy. — Goý, nika gijesini mähir bilen ýatlaryna salary ýaly Uryýa we onuň aýaly üçin aýratyn bir nahar bişirilsin, — diýip, tagtynyň tirsekliklerinden berk ýapyşdy. — Haýal etmän taýýarlanyp, Uryýanyň öýüne eltilmegini buýur.
— Bolýar, meniň jenabym, şa.
Tagamly nahar Uryýany gowşadar we söweşi ýadyndan çykaryp, owadan aýalynyň gujagynda rahat gijeden keýplenmäge ýardam eder.
Günüň ikinji ýaryny Dawut öz işleri bilen gelen adamlary kabul edip geçirdi. Biderek jedeller onuň sabyrlylygyny synaýardylar, ýöne başga erkegiň gujagyndaky Batşeba baradaky pikirlerden onuň ünsüni sowýardylar.
Ondan garaşylýany etmekligi üçin ol Uryýa diňe bir gije berer, onsoň bolsa ony Ýogabyň ýanyna Rabbata iberer.
* * *
Guýunyň boýunda ejesi Uryýanyň Iýerusalime gelenini adamlaryň görendiklerini aýdanda, Batşeba gaty tolgundy.
— Elbetde, ol Rabbatdan täzelikler getirendir, — diýip, ejesi aýtdy.
Gyzynyň agarandygyna üns bermän, ejesi ençeme çaklamalary aýtmagyny dowam etdirýärdi. Batşebanyň kellesinde soraglar şemal kimin şuwwuldaýardylar. Dawut näme etjekkä? Aýalynyň ýalaňaç halda şanyň göz öňünde suwa düşüp, ony günä eltendiginde Dawut Uryýany günäkärlejek bolýarmyka? Ýa-da başga bir çykalga oýlap tapdymyka? Belki-de, ol günäsini ýuwjak bolup, oňa sowgatlar hödürlejekdir! Äri bilen duşuşyga taýýarlamalydygyny ejesine aýdyp, Batşeba öýüne tarap ylgady. Tolgunma zerarly otagyň o çetinden bu çetine ýöräp, Batşeba bütin güni öýünde geçirdi.
Ahyrynda Joramyň onuň gapysyny kakanynda we onuň yzysüre şanyň özüniň iýýän näz-nygmatlary getirlende, Batşeba gaty howsalalandy.
— Bu näme aňladýarka?
Elbetde, Dawut onuň öýüne geljek däldi. Dawudyň gelendigini goňşular görüp, gybata başlarlar. Onsoň bütin şäher olaryň gizlin gatnaşyklary barada biler!
— Uryýa ýetir, ýagny şa onuň agşamynyň haýrly bolmagyny isleýändir, — diýip, Joram gülümjiräp aýtdy.
— Uryýa Rabbatda söweşýändir.
— Hawa, emma şa onuň gelip, urşuň barşy hakynda habar bermekligini buýurdy. Uryýanyň öýüne gelip, seniň bilen şu gijäni geçirmekligi üçin meniň jenabym onuň dynç almaklygyna rugsat berdi.
Joramyň aýdýanlarynyň manysyna doly düşünende, Batşeba dere batdy.
— Uryýa bärde ýok.
Hatda ol öýüne geläýende-de, aýalyna ýakynlaşmazdy. Dawut öz adamlaryny bilmeýärmi ahyryn? Ýa-da ol kanuny ýadyndan çykardymy? Erkek urşa çagyrylanynda, ol är-aýal gatnaşygyndan saklanmalydyr. Ol güýjüni keýpi-sapa üçin ulanman, ony Ysraýylyň duşmanlary bilen uruş üçin aýamalydyr.
Beýle bolsa, onda men Uryýany gözlejekdirin, — diýip, Joram aýtdy. Şanyň oňa nähili hormat goýandygyny men oňa ýetireýin.
Ol hyzmatkärleri bilen daşa çykdy.
Ine, indi Batşeba baryny açyk görýärdi. Bütin goşun onuň üçin söweşeninde, ysraýyl goşunynyň serkerdesi Dawut öz köşgünde dynç alýardy. Işsizlikden bizar bolan şa suwa düşünýän aýala syn etdi we özüniň keýplenmegi üçin ony ýanyna çagyrdy. Batşebanyň başga birine, ýagny Dawudyň Şawuldan gaçan soňky agyr ýyllaryň içinde dosty bolana, özüniň wepalylygyny subut edene, edermen we hormatly adama degişlidigi Dawudy hiç-de aladalandyrmady! Batşeba-da şanyň köşgüne baryp, iň gymmytbaha bolan öz ýüregini oňa berdi. Öz äri bilen beýleki erkekleriň Ysraýylyň duşmanlaryny ýeňmekleri üçin janlaryny howp astyna salýarkalar, Batşeba bolsa köşgünde dynç alýan but-şasyna özüni berdi!
Uryýa öýüne gelende, Batşeba ony nädip garşy alarka? Nädip ol äriniň gözlerine seredip biler? Nädip ol adamsyna haýynlyk edip bildi? Batşeba özüniň çaga arzuwlaryna ýol berdi we bir gije keýpi-sapanyň patyşa üçin uly manysynyň bardygyny hyýal edip, edil samsyk ýaly hereket etdi. Dawut özüniň birsalymlyk höwesini gandyrmaklyk üçin Batşebany ulandy. Ol Dawut üçin hiç zat hem aňlatmaýar. Özüniň hatyny iberenine çenli hatda Batşebany ýadyndan hem çykaran bolsa gerek! Dawut özüne şunuň ýaly ejir çekdirýän Batşebanyň göwreliligini näletledimikä?
— Näme etdigim boldy! — diýip, Batşeba iňňirdi bilen otagyň o çetinden bu çetine ýöreýärdi. — Näme etdigim boldy?
Joram dolanyp geldi.
— Seniň äriň Dawudyň hyzmatkärleri bilen şa köşgüniň derwezeleriniň alnynda otyr. Şanyň ony hormatlap iberenlerini oňa aýtdym, — diýip, garawul öňe ädimledi. — Hanym, sen Uryýanyň ýanyna barmalysyň. Öýüňe gelip, gijäni geçireri ýaly eliňden gelenini etmelisiň. Seniň muny etmegiňi patyşa isleýändir.
Patyşa isleýändir.
Eger Batşeba çykalgadaky öz borjuny ýerine ýetirse, onda patyşa abraýdan gaçmaz, Batşeba we çaga howpsuzlykda bolarlar, Uryýa bolsa hiç haçan hakykaty bilmez. Ol özüni sylaýan, söýýän we wepaly aýal ýaly alyp barar. Onuň köpden bäri arzuw edýän çagasy bolar. Batşeba özüniň söýýän we köp ýyllaryň içinde oňa tagzym edip gelen adamynyň mukaddes däl-de, tegmillidigini bileninde, çuňňur agyryny duýupdy, emma Batşeba çykalgadaky öz borjuny doly ýerine ýetirse, onda halk beýle agyryny duýmaz. Dawut indi Golýaty öldüren we halky birikdiren tanymal oglan däldi. Ol indi ygtyýarlygyň bozan şasydy, çünki ol özüni söýüjidi, mekir we aldawçydy.
Batşeba özüni hapa we ejiz duýýardy. Dawut oňa gutulyş ýoluny teklip edýärdi. Eger ol ondan boýun towlasa, onda öler. Göwresindäki çaga-da öler.
— Bar, — diýip, Batşeba Jorama aýtdy. — Häziriň özünde git we meniň etmeli işimi etmegime päsgel berme.
Garawulyň yzysüre Batşeba gapyny ýapdy. Hyzmatkärini öýüne goýberip, özi bolsa örtgüsini aldy-da, öýünden çykdy. Çar tarapyndan gijäniň özüni gysýandygyny duýup, Batşeba garaňkylykda uzak wagtlap durdy. Suwa düşünýän pursadynda özüne şanyň seretmekligine rugsat berenindäki düşen ýagdaýyndan, Batşeba indi başga çykalga gözleýärdi. Aýyň ýagtylandyrýan köçesi boýunça ýöräp, Batşeba özüniň suwa düşünen günündäki Dawudyň duran ýeri bolan köşgüň tamyna seretdi we hatda şu wagt hem özüniň Dawuda bolan duýgularynyň üýtgändigine düşündi. Indi baryny anyk görüp duranynda, nädip ol öňküsi ýaly Dawudy güýçli söýüp bilýärkä?
Tizara Batşeba köşgüň gije sebäpli ýapyk bolan derwezelerini gördi. Ýöne hemişekisi ýaly garawul durdy. Batşeba haýal ýöreýärdi we gaty tolgunýardy. Garawullar onuň adyny we şu ýere gelmekliginiň maksadyny sorarlarmyka? Olaryň arasynda kakasynyň odunyň boýunda gören ýa-da äriniň öýüne gelenlerinde, özüniň olara hyzmat eden esgerleri barmyka?
Iki esger öňe çykdy.
— Aýal, sen şu sagat näme üçin geldiň?
— Men Batşeba, Uryýanyň aýaly. Ärimiň Rabbatdan gelendigini maňa aýtdylar.
— Uryýa köşgüň howlusynda şanyň hyzmatkärleri bilen uklap ýatyr. Ol
Esgeriň sözlerinden üşedýän sowugyň gelýändigini Batşeba duýdy.
Erkeler hem aýallar ýaly öz aralarynda gybat edýärlermikä? Köşk hyzmatkärleriniň arasynda gybat edilýärmikä? Hatda bu şeýle bolaýanynda-da, dosty bolan şanyň Uryýany aldandygyny kim oňa aýdyp biler?
— Seniň şu ýerdedigiňi men oňa aýdaýyn, — diýip, beýleki garawul aýtdy-da, howla tarap gitdi.
Birinji garawul bolsa sesini çykarman, öz ýerine dolandy. Ol Batşeba seretmedi. Onuň sessiz sözleriniň manysyna aýal düşündi. Ol aýalyň patyşa bilen gizlin gatnaşygyny bilýärdi.
Ýene näçe adam bu barada bildikä?
Batşeba ýüzüni açman, adamsyna garaşdy. Şäher uklarýardy we özüniň ýanynda diňe garawullar bardylar, ýöne aýala bütin şäheriň ilaty özüne seredýän ýaly bolup görünýärdi we olaryň garaýyşlary pyçakdan-da ýiti ýalydylar. Olaryň garaýyşlary edil aýalyň ýüreginiň çuňuna çenli girýän ýalydylar. Batşebanyň iki bükülip, gizlenesi geldi, emma bu garaýyşlardan özüniň gaçyp bilmejekdigini ol bilýärdi.
Derwezeler açyldy. Garawul peýda boldy we onuň yzy bilen Uryýa hem gelýärdi. Äri ýakynlaşdygyça Batşebanyň ýüregi dürküldäp urýardy. Aýal haýallyk bilen yzyna öwrüldi-de, äri bilen ýekelikde gürleşmek üçin derwezeden daşlaşdy. Uryýa onuň öňünde saklananda, Batşeba gözlerini galdyrdy we äriniň howsalalydygyny gördi. Ol üns bilen aýalynyň ýüzüni öwrenýärdi, emma ýekeje-de söz aýtmady.
— Seni garşylamak üçin şa öýümize näz-nygmatlar iberipdir, — diýip, titreýän sesi bilen Batşeba aýtdy.
Uryýanyň gözleri ulaldy we onuň ýüz-keşbi Batşebany üşemeklige getirdi. Ol aňlaýarmyka? Onuň ýüzi daş ýaly boldy.
— Şeýle, — diýdi-de, Uryýa başga hiç söz aýtmady.
Ol bilýär!
Batşeba onuň gözlerinde erbet ýalpyldyny gördi we şol bada äriniň aýagyna ýykylyp, ölesi geldi. Erkek üçin özüniň söýgüli aýalynyň haýynlyk edip, başga biri bilen ýatandygyny bilmekden başga näme elhenç zat bolup biler? Bu başga biri-de, özüniň söýüp, köp ýyllaryň içinde oňa hyzmat eden patyşasydyr! Şeýle üstünlik bilen äriniň guşagyndan gylyjyny alyp, onuň ýüregine sokup hem bolar. Batşebanyň demi saklandy, damagy dykyldy.
— Wah, Uryýa...
Başga hiç söz-de aýdyp bilmedi. Batşeba utançdan we gaýgydan sandyraýardy.
— Duran ýeriňde seni öldürerin diýip, olar garaşýarlar, — diýip, Uryýa gyryk ses bilen aýtdy.
— Şeýle-de et.
Batşeba üçin aklama bolup bilermi? Özüni gorap, ol näme diýip biler? Dawudyň özüni alyp barşy Batşebany näçe masgaralaýan hem bolsa, bolanlaryň barynda Batşeba onuň ýeke özüni günäkärläp bilmezdi. Patyşa ony mejbur etmedi, aýalyň özi höwes bilen oňa ymtyldy. Hakykatdan-da özüni söýýän adam üçin munuň näçe durýandygyny Batşeba indi gördi. Ol dyzyna çökdi-de, eline daş aldy. Ýerinde turup, ony Uryýa uzatdy.
— Seniň hakyň bardyr.
Ol dişlerini gyjatdy, ýaňaklarynda gözýaşlar akyp, sakgalynda ýitdi. Ol daşy aldy-da, ýumrugynda berk gysdy. Äriniň öz duýgulary bilen göreşýändigini Batşeba gördi. Edil wagt saklanan ýalydy. Ahyry Uryýa başyny çaýkap, daşy elinden gaçyrdy. Uryýa elini galdyranda bolsa, Batşeba özüni urar öýtdi, emma ol mähir bilen aýalynyň ýaňaklaryna elini degirdi. Baş barmagy bilen gözýaşlardan öl bolan ýaňaklaryny sypalap, Uryýa aýalynyň gözlerine üns berip seretdi we Batşeba özüniň bagyşlanandygyna düşündi. Batşeba elleriniň aýasy bilen onuň elini ýapdy we gözlerini ýumdy, emma eliniň aýasyndan Uryýanyň eliniň sypandygyny duýdy.
Äriniň eginlerini sallap, haýallyk bilen özünden daşlaşýandygyna Batşeba seretdi. Garawul onuň geçip bileri ýaly derwezeleri azajyk açdy we Uryýa özi ýaly bütin durmuşyny patyşanyň hyzmatyna bagyşlan esgerler bilen gijäni köşgüň howlusynda geçirer. Onsoň derwezeler ýapyldylar we garawullar öz orunlaryna dolandylar.
Şondan soň Batşeba Uryýany hiç haçan görmedi.
* * *
Dawut tagtyň tirsekliklerini berk gysgy.
— Näme diýjek bolýaň? Uryýa bütin gijäni meniň hyzmatkärlerim bilen derwezeleriň alnynda geçirdimi?
Soňky sagatlaryň içinde Batşebanyň hetliniň gujagynda ýatyşyny göz öňüne getirenligi sebäpli, ýüreginde gaharyň möwç urýandygyna seretmezden, Dawut gygyrmajak boldy. Nädip Uryýa onuň buýrugyna boýun bolman bildi!
— Onuň öýüne gitmelidigini men oňa aýdypdym.
— Ol seniň hyzmatkärleriň bilen derwezeleriň alnynda ýatdy, meniň jenabym, şa.
— Ony meniň ýanyma getir.
Hyzmatkär gidende, özüniň gaharlydygyny üýşen adamlaryň görmezlikleri üçin ol özüni ele almaga synanyşdy. Ol geçirimli bolup, özünden talap edilýäni ýerine ýetirmekligi üçin hetlä ýene bir mümkinçilik berer.
Uryýa gelende, Dawut hemmeleri goýberip, özüne ýakynlaşýan esgere ýylgyryş bilen seretdi.
— Dostum, meniň eşidenim dogrumy? — diýip, Dawut Uryýa ýüzlendi. Ol esger bilen özüniň hyzmatkäri ýaly däl-de, öňden bäri tanyş bolan dosty ýaly gürleşjek boldy. — Saňa näme boldy? Beýle uzyk wagtlap öýüňde bolmanyňdan soň näme üçin öýüňe barmadyň?
— Hudaýyň sandygy bilen Ysraýylyň we Yahudanyň goşunlary çadyrda, Ýogap we beýleki goşunbaşylaryň bolsa, açyk meýdanda uklanlarynda, men nädip öýüme baryp, iýip-içip, aýalym bilen ýatyp bilerin? Kasamymy bozmaryn diýip, men ant içipdim.
Dawut gyzardy. Hetli oňa duýduryş berýärmi? Ol sandyk bilen goşunlar çadyrda wagtynda patyşa köşgünde dynç alyp, şatlanýar diýjek bolýarmy? Dawut ynsabynyň ezýet berýändigini duýdy. Köşeşjek bolup ol haýallyk bilen demini almaga synanyşdy we tagtyna arka berip, Uryýany synlaýardy.
— Bolýar, ýene bir gije gal, ertir bolsa Rabbata dolanarsyň.
Uryýa yzyna öwrüldi.
Dawut dişlerini gyjadyp, Uryýanyň öz ýanyndan aýrylyşyna syn etdi. Hetli şu gün oňa gelşiksiz tärde ýüzlendi, ol «meniň jenabym, şa» diýmedi. Hormat goýmaklygy esger ýöne ýadyndan çykardymy? Ýa-da bilibem, bu sözleri aýtmadymy?
Ertesi gün buýrulyşy ýaly hetliniň Iýerusalimde galandygyny, ýöne öýüne gitmändigini Joram patyşa ýetirdi. Howsala düşen we gazaplanan Dawut dabara naharyny taýýarlap, Uryýany çagyrmaklygy buýurdy. Ol ýokarda oturyp, hetli bilen iýip-içýärdi we Uryýanyň hem şeýle etmegini bökdeýärdi. Iýip-içmeklik adamy hemişe bozadýandyr we onuň pikirlerini höwes duýgularyna gönükdirýändir. Ýöne agşam şowly bolmady, çünki Uryýa az iýip, az içýärdi we az gürleýärdi. Ol özleriniň gatnaşan öňki şöhratly söweşlerini ýatlady. Onuň sözleri edil iňňe ýaly Dawuda sokulýardy we ony öňküsinden-de beter gaharlandyrýardy. Nähili edermen ärleriň oňa hyzmat edendiklerini ýatlatmak gerek däldi. Olara kim baştutanlyk etdi? Dawut! Onsuz bu edermen ärler ýöne garakçylar topary bolardylar!
Öz käsesini galdyryp, Uryýa Dawudyň hormatyna tost aýtdy:
— Biziň patyşa eden oglanymyz-çopan üçin, — diýip, aglady-da, käsesini boşatdy.
Erkegiň öz duýgularyny görme-görşe goýýandygyna seretmek Dawut üçin ýakymsyzdy. Uryýa serhoşdy. Ahyrynda onuň bilen oturmakdan Dawut halys ýadady. Ol ýerinden düşüp, Uryýa ýakynlaşdy. Elini Uryýa uzadyp, onuň ýerinden turmagyna kömek etdi.
— Şu gün üçin ýeterlikdir, meniň dostum, — diýip, Dawut onuň egnine kakdy. — Öýüňe git.
Dawut Uryýanyň iki tarapa entäp, otagdan çykyşyna syn edip durdy.
Tizara şanyň ýanyna Joram geldi.
— Ol derweze alnynda uklap ýatyr, jenabym şa.
— Ertir onuň bilen özüm iş salşaryn.
Gazaply Dawut uklamaga gitdi, emma onuň ukusy rahat bolmady. Kimdir-biri onuň bilen gürleşjek boldy we ol özüniň bu Sesi diňlemek islemeýändigini aňýardy. Nalyş bilen ol oýandy we bütinleý dere batypdy. Batşeba bilen paýlaşan düşeginde oturyp, ol aýala beren wadasyny nädip ýerine ýetirmelidigini oýlady. Ol kellesini sallap, ony elleri bilen gysdy. Tapan çykalgysynyň amala aşmagyna Uryýa baş bermedi, şonuň üçin hem aýala kömek etmek üçin başga bir usul tapmaly. Gynansa-da, Uryýany Rabbatda öldürmediler. Eger ony öldüren bolsadylar, onda hiç hili kynçylyk bolmazdy. Dawut ony...
Onuň kellesinde başga bir pikir peýda boldy. Bu çykalga gaty kämildir we oňa görä Dawut özüniň islänini — Batşebany özüniňki edip biler.
Ol ýerinden turup, özüniň ajaýyp mezmurlary ýazan stoluna ýakynlaşdy. Ol syýa taýýarlap, öz goşunbaşysy Ýogaba buýruk ýazdy:
Munuň gizlin buýrukdygyny Ýogap hökman bilmelidigini Dawut bilýärdi. Şeýle-de ol erkegiň ýüregine we onuň duýgularyna düşüner. Galyberse-de, Ýogabyň özi ar almaklyk niýeti bilen adam öldüripdi. Ol hiç bir soragsyz Dawudyň buýrugyny ýerine ýetirer we ony höküm etmez. Belki-de, ol patyşanyň mekirligine haýran galar.
Dawut kiçijik haty külterledi-de, şemi eredip, özüniň möhürini basdy. Onsoň ýerinden turup, ýuwundy we geýimlerini geýip, howla çykdy.
— Hetli Uryýany meniň ýanyma getiriň, — diýip, ol esgerlere buýurdy.
Birsalymdan Uryýa peýda boldy. Onuň hem ýuwunandygyna Dawut üns berdi. Uryýa başyny dik tutup gelýärdi. Ol Dawudyň öňünde saklandy-da, ýekeje-de söz aýtmady. Ol onuň öňünde dyza çökmedi we özüniň Iýerusalime gelenindäkisi ýaly elini ýüregine-de goýmady. Ol ümsüm durup, garaşýardy.
— Şuny Ýogaba ber.
Uryýanyň öz ýanyna gelip, elini uzadyp, haty alanynda, Dawudyň ýüregi on esse çaltlyk bilen urýardy. Uryýanyň barmaklary Dawudyň eline çalaja degdi we patyşa elini çekip aldy-da, hetliniň gözlerine seretdi. Dawudyň görenleri onuň ýüregini bökdemäge mejbur etdi. Gaýgy. Öz ykbalyna boýun bolmaklyk.
Wepaly hyzmatkär elinde özüniň ölüm hatyny tutýandygyny bilýärdi.
Uryýa haty geýimleriniň aşagynda, ýüreginiň ýanynda gizledi. Onsoň edil özüniň patyşa bolan wepalylygyny ýene bir gezek subut etmäge niýetlenen edermen esger ýaly durup yzyna öwrüldi-de, köşkden daşlaşdy.
* * *
Öýüne getirilen täzelige Batşeba taýyn däldi.
— Seniň äriň Uryýa Rabbatdaky söweşde wepat boldy.
Ol öňünde duran esgere geň galyp seredýärdi.
— Näme?
— Äriň wepat boldy, — diýip, esger gaýtalady.
— Ýok. Ýok! — Batşebanyň aýaklary gyşardy, hyzmatkäri ony tutdy.
— Hanym, hanym...
Möňňürip aglap, Batşeba eýläk-beýläk çaýkanýardy. Aýallar öýlerinden çykyp, köçe boýunça ýokary-aşak ýöreýärdiler, Batşeba bolsa, halkynyň däbi boýunça öýüniň gapysynyň alnynda oturyp, köýneginiň ýakasyny ýyrtyp, kellesine kül atýardy.
Agşam düşeninde, beýleki aýallar hem özleriniň ärleriniň wepat bolandyklaryny bildiler, emma näme üçin şunuň ýaly kän esgerleriň wepat bolandyklary barada oýlanary ýaly Batşeba öz gaýgysyna batypdy. Onsoň onuň ejesi geldi we Batşeba elhenç şübheleriň ýesiri boldy. Batşeba Rabbatdan gelýän
— Doganoglanyň Merýemiň hem äri wepat bolupdyr! Habalyň adamsy hem wepat bolupdyr. Rabbatda ölenlerden seniň äriň ýeke däldir, — diýip, ejesi Batşebanyň öňünde dyzyna çökdi-de, üns bilen gyzyna seretdi:
— Aýtsana maňa, bu näme aňladýandyr? Jogap ber!
Ejesiniň gözleriniň gorky bilen ýalpyldaýandyklaryny görüp, Batşeba haýran galyp we şol bir wagtyň özünde gorkup, yza çekildi. Ejesi näme diýjek bolýarka? Bu ölümleriň Batşeba näme gatnaşygy barka?
— Rabbatda bolanlary men nireden bileýin?
Iýerusalimden daşda bolan bir söweşde ejesi Batşebany näme üçin günäkärleýärkä? Munuň hiç hili manysy ýokdur!
— Halkyň näme diýýändiginden habaryň ýokmy, näme? Gizlin edilen zat hökman aýan bolýandyr. Şanyň haty barada gürrüň ber maňa, Batşeba.
Batşebanyň howsalalygy artýardy.
— Nähili hat?
— Rabbatyň galalaryna ibermezinden ozalky Ýogabyň alan haty! Hüjüm üçin Ýogap duşmanyň gowşak ýerini saýlamandyr. Ol edermen ammonlaryň duran ýerini saýlapdyr. Olar şäherden çykyp, biziň esgerlerimiziň üstlerine çozupdyrlar we Dawudyň hyzmatkärleri öldürilipdirler, — diýip, ejesi Batşebanyň elini berk gysdy. — Şanyň köşgünde hyzmat edýän seniň doganoglanyň Dawut bu biderek ýitgi baradaky habary eşidip, aglar öýdüpdir. Emma ol aglamandyr! Hatda haýran hem galmandyr. Aýtsana, näme üçin?
—
— Eý bagtsyz, aýt maňa! Näme üçin paýhasly goşunbaşy Ýogap adamlary gala gaty ýakyn goýupdyr? — diýip, ejesi güýç bilen gyzynyň elinden çekdi. — Aýalyň galadan zyňan degirmen daşynyň Ýerubagalyň ogly Abymelegi öldürendigini Ýogap hemmelerden-de gowy bilýändir. Patyşa ýazan hatynda ol hatda bu barada ýatlapdy! Erkek üçin aýalyň elinden öleninden beter kemsitme ýokdur! Wah, gyzym, sen näme etdiň?
Batşeba özüniň gaty üşeýändigini duýdy.
— Hiç zat! Men hiç zat etmedim!
— Hiç zat! — diýip, ejesi gülümjiräp aýtdy. Habarçy şeýle diýipdir: «Hetli Uryýa hem öldürildi». Edil şa hut şu habary eşidesi gelýän ýaly!
Batşebanyň ýüzi gyzardy.
— Ýok, — diýip, ol tisgindi. — Ýok! — diýip, Dawuda garşy ýöňkemä ynanasy gelmän, Batşeba kellesini çaýkaýardy. — Olar dostdular, — Batşeba gürläp bilenokdy. — Dawut hiç haçan hem...
—
Bu sözleri ejesi gaty öýke bilen aýtdy we ýüzünde bolsa gan ýokdy.
— Şu wagt seniň kakaň hem Rabbatdadyr!
Ejesi gyzynyň ellerini goýberip, yza çekildi.
— Diýmek myş-myşlar dogry! — diýeninde, ejesi betbagt we ysgynsyz görünýärdi. — Bir aý mundan ozal seni şanyň köşgüne alyp barýandyklaryny gördük diýen aýallara men käýäpdim. Sen we patyşa baradaky gürrüňleriň ýalan bolmaklary üçin men doga edipdim. Beýle ýalany gaýdyp gaýtalamazlyklaryny aýallara aýdypdym.
Gygyryp, Batşeba urlan ýaly iki büküldi we kellesini elleri bilen tutdy.
— Wa-a-a-h! — ejesi nalyş edip, eýläk-beýläk çaýkanýardy. — Sen biziň bilen näme etdiň? Wah...
Möňňürip aglap, Batşeba ejesiniň öňünde boýun aldy.
— Meniň suwa düşýändigimi Dawut tamyndan gördi. Ol meniň yzymdan adam iberdi. Men näme edip bilerdim? Ol patyşa ahyryn!
Ejesi onuň ýüzüne şarpyklady. Batşeba sandyrady-da, özüni goramaklyk üçin elini galdyrdy.
— Sen näme etdiň? — diýip, ejesi gygyrdy. — Sen örtündiňmi? Sen meni kömege çagyrdyňmy? Ol seni çagyranda, sen Abygaýyl ýaly edip, onuň günä edýändigini aýtdyňmy? Sen bularyň birini-de etmediň! Günäň ýüzüňde ýazylgy dur, kesir gyz!
Batşeba ejesiniň gazabyndan gaty gorkdy.
— Men hiç kime-de zyýan ýetirjek bolmadym.
— Dawudyň seniň üçin däldigini men saňa bireýýäm aýdypdym! Men saňa bu barada aýdypdym! Näme üçin sen meni diňlemediň? Sen
— Men Uryýany öldürmedim!
—
Batşeba urgudan gaçjak boldy.
— Men Dawudyň çagasyny garnymda göterýändirin!
Ejesi çirkin ses bilen gygyryp, dyzyna ýykyldy.
— Wa-a-a-h, — diýip aglady-da, elleri bilen gulaklaryny ýumdy. — Wa-a-a-h...
Batşeba möňňürdi.
— Ejejan, munuň şeýle boljakdygyny oýlamandym! Sen maňa ynanmalysyň!
— Ynanýandygymyň ýa-da ýokdugymyň näme ähmiýeti bar? Samsyk! Seniň günäň zerarly näçe adam öldi? Olaryň ganlary seniň eliňdedir. Patyşanyň muny seniň üçin edendigini adamlar bilmezler öýdýäňmi? Indi şäheriň ähli dul aýallary saňa we patyşa nälet aýdarlar. Atasyz galan ogullar indi Dawudyň adyny şöhratlarlar öýdýäňmi? Onuň üçin olar ellerine gylyç alarlar öýdýäňmi? Olar her demlerinde patyşany ýigrenerler! Olar nädip ony öldürmelidiginiň küýüne düşerler. Uryýa bilen Dawudyň tarapynda söweşen şol otuz edermenler näme? Dawudyň çölde gizleneninde, onuň bilen bolan kakaň we beýlekiler näme? Olar indi öz patyşasy hakynda näme pikir ederler? Ol indi olaryň wepalylygyna we dökülen ganlaryna mynasypmydyr? Saňa eýe bolmaklygy üçin Uryýany öldürenini kakaň bilen babaň bilseler, olar näme ederler? Sen olaryň teni we ganysyň, sen bolsa olary satdyň. Ahytopel bilen Eliýam indi hiç haçan seniň ýüzüňe seretmezler! Kakaň bilen Ahytopel indi hiç haçan seniň adyňy ses bilen aýtmazlar! Olar seniň doglan günüňi näletlejekdirler! Özleriniň oňat adyny ýok etjek bolandan olar öç almak islärler! — diýip, ejesi köýneginiň ýakasyny ýyrtýardy. — Sen meniň üçin öldüň, hemmämiz üçin öldüň!
Batşeba aglap we haýyş edip, elini ejesine uzatdy. Ejesi ony itdi-de, ýerinden turdy. Batşeba dyzyna çöküp, ejesiniň köýneginden ýapyşdy.
— Ejejan, haýyş edýän! Baryny olara düşündir!
Ejesi Batşebany itdi.
— Düşündireýin? Sen nädip bu barada haýyş edip bilýäň?
Ol ýene-de gyzyny urdy.
Çagasyna zyýan ýetmeklikden gorkup, Batşeba elleri bilen garnyny tutdy we iki epildi, emma ejesi ony öňküsinden-de beter urýardy.
— Aýallaryň arasynda sen iň näletlisisiň! Seniň adyň
— Agzymdan seniň adyň çykan pursadynda, goý, Ysraýylyň Hudaýy meni öldürsin! Beýlekilere edeniňe laýyklykda saňa-da Hudaý gaýtaryp bersin!
Gapyny açyp goýup, ejesi daşa çykdy.
Batşeba gapa ýakynlaşdy-da, ony ýapyp, içinden gulplady.
Günler geçýärdi we Batşeba äriniň ölümine, äri bilen söweşen beýleki esgerleriň ölümlerine, özüniň ýitiren oňat adyna we şu wagta çenli hem akmaklyk bilen söýýän patyşasynyň oňat adynyň ýitirilendigine aglaýardy. Özüniň bilşine görä, özi bilen patyşanyň günäsi we Uryýanyň ölümi zerarly şäherde bolup geçýän ähli bitertipsizligi göreninde, Batşeba gaty gaýgylanýardy. Batşeba oraza tutýardy we boýnunda göterip ýörän kiçijik çüýşejigine gözýaşlaryny toplap, ärine aglaýardy. Ol kellesine kül sepeledi.
Bellenilen ýedi gün agysy gutardy, emma gaýgy bilen utanç Batşebany taşlamandylar. Onuň günäleri janyny guradyp, gün-günden ösýärdiler. Arassalygyň näme üçin şeýle gymmat hasaplanýandygyna Batşeba gijäniň garaňky çagynda düşündi. Indi ol özüniň gulak asmazlygynyň bahasyny töleýärdi we munuň bahasy özüniň göz öňüne getireninden gaty uludy. Bir gijäniň gaýgysy umytsyzlykdan dolan durmuşa barabardy.
Beýlekiler üçin näme...
Äriniň ölendigi baradaky habary alanyndan sekiz gün geçeninden soň, Batşebanyň öýüne esgerler geldiler.
— Hetli Uryýanyň aýalyny köşge eltmeklik bize buýruldy.
Batşeba gözýaşlardan doly çüýşejigi bagryna basdy.
Garawullaryň ýolbaşçysy oňa tarap ýöredi.
— Sen gitmelisiň.
Batşeba ýany bilen hiç zat alman, öýünden çykdy. Ol esgerleriň goragy astynda ýöreýärdi. Batşeba öz-özünden soraýardy: Dawut oňa hormat goýýarmyka ýa-da ýöne goraýarmyka? Öýleriniň bosagalarynda durup, aýallar bu ýörişe syn edýärdiler. Batşeba biriniň gapdalyndan geçeninde, ol aýal ýere tüýkürdi. Bütin Iýerusalimiň gözleri Batşeba gönükdirilendiler we bu gözler ýigrençden doludylar. Adamlaryň pyşyrdaşýandyklaryny Batşeba eşidýärdi.
Bu gezek garawullar ony gapdal derwezelere eltmediler. Batşebany köşgüň esasy girelgesine getirdiler. Özüniň aradan çykan edermen esgeriniň dul aýalyny şa aýallyga alýardy. Ol muny halka özüniň rehimliligini görkezmekligi üçin edýän ýalydy, çünki aýal tanymal tireden däl-de, bary-ýogy esgeriň gyzy we harby maslahatçynyň agtygydy.
Emma hiç kim aldananokdy.
Patyşadan başga hiç kim bolsa gerek!
Dördünji bap
Dawut täze aýalynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ahyrynda gapysy kakylanda, onuň özi gapyny açdy. Onuň öňünde Joram durdy. Esger çete çekildi we Dawut gara geýimli, kellesini aşak sallap duran aýaly gördi. Patyşanyň ýüregi çaltlyk bilen urýardy.
— Jenabym şa, hetli Uryýanyň aýaly, — diýip, Joram ýaranjaňlyk bilen aýtdy.
Dawut birden kellesini galdyrdy.
— Mundan beýläk bu aýala beýle ýüzlenme.
Başyny yrap, ol garawuly goýberdi. Batşebanyň öň başga erkege degişli bolandygyny hiç bir kiçijik zatlaryň hem ýatlamazlygyny Dawut isleýärdi. Indi aýal diňe
— Batşeba, — diýip, ol gyrylan sesi bilen aýtdy. Aýal edil birinji nika gijekisi ýaly edip, onuň öňünde gözlerini sallap durdy. — Eý, meniň söýgülim, — diýip, Dawut pyşyrdady. — Men seni gaty küýsedim.
Batşeba tisginip, çözgütsiz halda bosagadan geçdi. Dawudyňky ýaly duýgulary başyndan geçirýändigi üçin ol titreýärmikä? Patyşa ony özüniň otagyna alyp girdi.
— Indi saňa hiç zatdan gorkmaklygyň geregi ýokdur, — diýip, ol Batşebanyň yzysüre gapyny ýapdy. — Indi sen meniň bilen, hemişe meniň bilen bolarsyň.
Batşeba sesini çykaranokdy.
Söýgüli aýalyň ümsümligi bilen howsalalanan Dawut ony özüne tarap öwürdi-de, alkymyndan tutdy. Aýal arryklap, hek kimin agarypdy. Dawut Batşebanyň örtgüsini aýyrdy we onuň boýnunda asylgy duran kiçijik çüýşejigi gördi. Ony gabanjaňlyk gaplady. Dawut gülümjiredi-de, çüýşejigi galdyrdy.
— Sen ony şeýle güýçli söýýärdiňmi?
— Men Uryýany söýýärdim, — diýip, Batşeba ýuwaş aýtdy we kellesini galdyrdy, gözleri bolsa, agyry zerarly garalypdy, — emma seni söýüşim ýaly däl. Sen barada men hemişe arzuw edýärdim, — diýip, ol Dawuda elini uzatdy. — Sen meniň ýüregimi öz elinde saklaýan adamsyň.
Batşeba ellerini gysdy, gözleri gözýaşlardan doldy.
Dawut onuň ýaňaklaryny sypalady we olaryň ýumşaklygyna haýran galdy. Ol şalygynyň iň gözel zenanydy we ol indi özüne degişlidi.
— Batşeba, meniň seni nähili söýýändigimi bilýän dälsiň, — diýende, Batşebanyň tisginendigini gördi we eli bilen aýaly sypalady. — Indi sen —
Dawudyň barmaklyry onuň saçlaryna aralaşdy.
* * *
Dawut otagynyň gapysynyň arkasynda durup, Joramyň şanyň maslahatçylaryndan getiren hatyny okaýardy. Döwlet işleri ony çagyrýardylar. Dawut gahar bilen haty ýygyrt-ýygyrt etdi. Onuň özüniň adamlarynyň durmuşlary üçin jogapkärdigini we döwlet işlerine dolanmalydygynyň wagtydygyny oňa ýatlatmagyň geregi ýokdy. Joram göni durup, garaşyp durdy.
— Meniň haremim barada alada etmekligini agta buýur, — diýip, Dawut Batşebanyň ukusyny bozmajak bolup ýuwaş aýtdy.
— Bolýar, meniň jenabym, şa.
Dawut otagyna dolanyp geldi-de, gapyny ýuwaşlyk bilen ýapdy.
Ol otagyň çetine bardy-da, aýalyna syn edip, düşeginiň ýanynda saklandy. Ol kämil aýaldy. Dawut Batşeba ýaly owadan aýaly görmändi we onuň Ybraýymyň aýaly Saraý ýaly hemişe-de şeýle boljakdygyny bilýärdi. Patyşa ýylgyrdy-da, aýalynyň kellesini sypalady. Onuň saçlary ýüpek kimin ýumşakdy. Mundan beýläk ol Batşebasyz ejir çekmez. Indi ol özüne degişlidir. Ony islän wagty ýanyna çagyryp biler.
Dawut düşeginiň çetinde oturdy. Ol Batşebany ogşap, onuň turmagyna garaşýardy. Batşeba oýandy we onuň ýüzünde ýeňilje ýylgyryş peýda boldy. Onsoň gözlerini galdyryp, Dawuda seretdi. Dawut bolsa özüne mundan beýläk Batşebanyň ýaş çagyndaky arzuw ediji we täsin galyjy garaýşy bilen seretmejekdigine düşündi. Batşebanyň oňa bolan söýgüsi ajy tejribe bilen örtülipdi. Dawut munuň näme üçin beýledigini soramady. Batşeba elini uzadyp, onuň maňlaýyna degirdi. Dawut onuň elinden tutup, ony ogşady.
— Men senden aýrylasym gelenok, emma mejburdyryn.
— Sen patyşa.
— Seniň üçin otag taýýarladylar, — diýip, Dawut onuň ýüzünden saçlaryny aýyrdy. — Eger saňa bir zat gerek bolsa ýa-da isleseň, agta aýdaý. Ol hökman alada eder.
Batşebanyň ýaňaklary utançdan gyzardy. Onuň gözleri bolsa, gözýaşlar zerarly öllendi.
Dawudyň özüniň hem kesgitläp bilmedik duýgusy ony Batşebany howlukdyrmaga mejbur etdi.
— Tur, mähribanym, — aglaýan aýallary köşeşdirer ýaly onuň wagty ýokdy! — Biz bütin ömrümizi düşekde geçirip bilmeýändiris.
Dawut ýerinden turdy-da, gapdala çekildi. Onuň arkasynda geýimler şybyrdadylar we Dawut onuň geýnişine syn etmeklik üçin oňa tarap seretdi. Batşeba özüniň dul geýmini aldy.
—
— Jenabym şa, men seniň haremiňe ýalaňaç gitmelimikäm?
Dawut uly ädimleri bilen otagyň o çetine bardy-da, özüniň ýeňsiz köýnekleriniň birini eline aldy.
— Şuny geý!
Şu sözler bilen ol köýnegi Batşebanyň eline oklady. Bütin bedeni bilen sandyrap, Batşeba geýnip başlady. Gyrmyzy reňkli gaýma onuň aýagyny dolap durdy. Ol gaty ýaş we ejiz görünýärdi welin, özüniň yzyndan Engedi çeşmesine baran kiçijik gyzjagazy Dawudyň ýadyna düşürdi.
— Batşeba, meni bagyşla.
Gapynyň kakylýan sesi olaryň ikisini-de tisginmäge mejbur etdi. Batşebany otagyna eltmeklik üçin agtanyň gelendigini Dawut bilýärdi.
— Gir! — diýip, Dawut gygyrdy we gapy açyldy. Batşeba hyzmatkäre seretdi, emma oňa tarap ýekeje-de ädim ätmedi.
— Tizara men seni ýene-de çagyraryn — diýip, Dawut köp manyly edip aýtdy. Näme üçin ol özüni günäkär duýmalydyr? Onuň patyşadygyna Batşeba düşünmeýärmi, näme? Batşeba ýerinde turdy we ärine öwrülip ýetişmänkä, ol aýalynyň ýaňaklarynda gözýaşlary gördi. Agtanyň yzy bilen Batşeba otagdan çykdy.
Eger hemmesi özüniň oýlany ýaly bolan bolsa, onda näme üçin ýüreginiň beýle rahat däldigine gaýran galyp, Dawut eli bilen göwresini owkalady.
* * *
Batşebanyň ýaşaýşy gaty ajaýypdy. Ol indi baý we şadyýan durmuş bilen ýaşaýardy. Onuň owadan geýimleri bardy, onuň üçin iň tagamly naharlary bişirýärdiler, patyşanyň özi bolsa, oňa hökmürowanlyk edýärdi. Batşeba hiç haçan ýeke özi däldi, Dawudyň köşgünde iki ýüzden-de artyk adam ýaşaýardy: beýleki alty aýaly, ençeme gyrnaklar, çagalar, hat ýazyjylar, hünärmentler, işçiler, çagalara seredýänler, gözegçiler, aşpezler, garawullar we dolandyryjylar. Şeýle-de köşkde eýýäm eline ýarag alyp bilmeýän garry hormatly esgerler-de ýaşaýardylar. Garyndaşlarynyň Dawudyň aýallaryny görmäge gelýändikleri üçin gelip-gidýän myhmanlaryň hem sanlary sanardan köpdi.
Batşebanyň ýanyna bolsa hiç kim gelmeýärdi.
Dawudyň aýallary agşamlyk nahary üçin üýşenlerinde bolsa, olar Batşeba bilen gürleşmeýärdiler ýa-da oňa üns hem bermeýärdiler. Dawudyň uly ogullary oňa köp manyly seredýärdiler: iň uly ogly Amnon Batşeba höwes bilen seredýärdi, Abşalom bolsa — ýigrenç bilen. Bu aýallar we olaryň ogullary indi Batşebanyň maşgalasydy. Şol gün Batşeba aýallar jaýynda peýda bolanda, Ahynogam beýleki aýallara şeýle diýipdi:
— Ine şanyň jelebi!
Bir gezekki babasynyň kakasyna beren maslahatyny Batşeba ýadyna düşürdi:
— Diňe öz maşgalaňdan başga hiç kime ynanma.
Emma Batşeba Dawudyň aýallarynyň ýa-da çagalarynyň hiç birine-de hiç haçan ynanyp bilmejekdigini we özüniň çagasyna bolsa, hemişe howpuň abanjakdygyny hem bilýärdi.
Günler gaty haýal geçýärdi. Batşeba bolsa, has-da özüni gurşaýanlardan çetleşýärdi. Köşkde gezýän gybatlar üşedýärdi, olar Batşebanyň gaharyny getirýärdiler we şol sebäpli hem onuň häseýeti üýtgeýärdi. Batşeba ýekedi, ol ýüreginiň aşagynda göterýän çaga bolan söýgüden rahatlanýardy. Çagasy dogulanda, ol ony samsyk enekelere bermez. Ol çagany öz ýanynda galdyrar we ony söýer. Eger gyz dogulsa, onda Batşebanyň özi ony gorar we terbiýelemegi özge adamlara ynandan, çagany özi ýaly edip özi terbiýelär. Batşeba sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Özüniň patyşanyň çagasyny göterýändigini töweregindäkilere aýan edýänçä bir aý geçipdi. Pyşyrdy bilen aýdylýan gybatlara seretmezden, köşgüň ýaşaýjylarynyň käbirleri Dawuda gaty wepaly bolandyklary sebäpli ol barada ýaman pikir etmekden saklanýardylar. Dawudyň maşgalasynda tizden ýene bir çaganyň doguljakdygyna olar şatlanýardylar. Ýöne köpleri Batşeba ýigrenç göz bilen seredýärdiler we onuň üstünden gülýärdiler. Köpleri bolsa, hatda oňa tarap bakmaýardylar.
Patyşanyň aýallary günde oýunlar bilen, saz bilen we gürrüňler bilen meşgullanýardylar. Käbirleri bolsa, tikin tikip wagtyny geçirýärdiler. Her gezek Dawud olaryň jemgyýetlerinde agşamy geçirjekdir diýip aýdanlarynda, olar bar güýçlerini onuň bilen duşuşyga taýýarlanmaga sarp edýärdiler. Özleriniň owadan bolmaklarynda olaryň her biri beýlekisinden ökde çykmaga synanyşýardylar. Olar bezenýärdiler we hysyrdaýardylar, nämäniň Dawudyň ünsüni çekip biljekgini bilmekleri üçin gyrnaklaryny iberýärdiler. Ahynogam gabaklaryna müsür reňklerini, kirpiklerine we gaşlaryna bolsa, pars reňklerini çalýardy. Magaka aýaklarynyň dyrnaklaryny boýaşdyryp, aýaga dakylýan bilezikler dakynýardy. Hemmesi saçlaryny daraşdyryp, tenlerine hoşboý yslar çalyşdyrýardylar. Batşeba suwa düşündi, ýalpyldaýança saçlaryny darap, olary biline çenli uzaltdy we ýönekeýje köýnegini geýdi. Goý, Dawut onuň häzirki bolşuny däl-de, öňki bolşuny görsün.
Dawut gelende, Batşebanyň ýüregi çalt urup başlady. Ol Dawudyň çar tarapyna göz gezdirişine syn etdi. Onuň garaýşy birsalymlap Batşebada saklandy we Dawudyň gözleri ýylady. Emma Dawut şol bada beýleki tarapyna seredip, eli bilen sypalap, Dawudy edil aý bilen ýyldyza meňzedip seredýän Ahynogam bilen gürleşip başlady. Öz hareminde Dawut uzak wagtlap oturmady, emma her bir aýala üns berip, otagy aýlanyp çykdy.
Ýüreginde ulalyp barýan agyry bilen Batşeba Dawudy üns bilen synlaýardy. Her bir aýalyny ol ýylgyryş bilen garşylaýardy, her haýsy bilen söýgüli gürleşýärdi we her birini özüniň mähirliligi bilen şatlandyrýardy. Ol şeýle bir owadandy welin, ony söýmän bolarmy? Her gezek Dawut başy dik duran aýala ýakynlaşanda we onuň elinden tutup ogşanda, oňa mähirli sözler aýdanda ýa-da gülende, Batşeba ýiti agyrynyň çuňlaşýandygyny duýýardy. Aýallar batyrgaýlyk bilen näz-kereşme edýärdiler we käbirleri gaty batyrgaýlyk edenlerinde, Batşebanyň gygyryp, öz bäsdeşiniň saçlaryny ütesi gelýärdi. Emma ol özüni rahat görkezip, ýerinde oturdy. Dawut oturanda bolsa, aýallary ony gabap, sypalap başladylar. Ol ýene bir gezek Batşeba seretdi we Batşeba onuň gözleriniň garalandygyny gördi, ýöne bu Batşebany kän rahatlandyrmady, çünki aýallar ýene-de Dawudyň ünsüni özlerine çekdiler.
Şeýlelikde, bu ejesiniň özüne duýduran hut şol agyrysydy! Dawudyň aýaly bolmaklygyň nähilidigini ejesi Batşeba düşündirjek bolmandymy, näme?
Onsoň Dawut onuň ýanyna geldi.
— Hemmesi oňatmy, Batşeba?
Oňa jogap berer ýaly Batşeba gaty öýkeläpdi we Dawut gidenden soň öz üstünden aýallaryň gülmeklerine sebäp bolup biljek zatlary aýtmakdan gorkýardy.
— Batşeba? — diýip, Dawut pyşyrdy bilen aýtdy-da, dyzyna çökdi we aýalyň seretmekligi üçin ony özüne tarap öwürdi. Küýseýän we howsalaly garaýyş bilen ol aýalyň gözlerini gözledi. — Maňa düşünmäge synanyş. Men özümiň isleglerine erk berip, hemmeler barada ýadymdan çykaryp bilmerin.
Dawudyň sözlerinde jemlenen kinaýa Batşebany ondan ýüzüni öwürmäge mejbur etdi. Onuň üçin Batşeba hemme zady ýadyndan çykarmandymy? Netijeleri hakda oýlanman, öz isleglerine ýol bereni üçin onuň äri öli dälmi ahyryn?
— Batşeba, — Dawut ýene oňa ýüzlendi. Onuň sesinde ýumşak teýene eşidildi.
Aýallar edil ýolbarslar sürüsi kimin olara syn edýärdiler.
— Elbetde, men düşünýärin, — diýip, Batşeba aýtdy we özüniň lapykeçligini Dawudyň görmändigine umyt edip, onuň gözlerine seretdi. Bu ýöne onuň gaýgylaryny köpelderdi. Dawut — patyşa, ol hemmelerden hem beýikdir. Öýüni ogullar bilen berkedip bileri ýaly patyşanyň kän aýallary bolmalydyr. Indi Batşebanyň göwrelidigi aýan bolanda, Dawudyň ony öz düşegine çagyrmagyň geregi barmy, näme? Batşeba ýene-de ejesiniň sözlerini ýadyna saldy.
Ulalyp, özüni boş hyýallaryny ýadyndan çykarmagyň wagty ýetipdi! Ol hakykata göni seretmelidir! Eger häzir, ýagny onuň göwrelidigi eýýäm aýan bolanda, Dawut ony ýanyna çagyrsa, onda öňkülerinden-de beter gybatlar bolar. Aýallarynyň diňe kän çagalar dogurmaklary üçin patyşanyň olary ýanyna çagyrýandygyny hemmeler bilýärler. Tä çaganyň doglup, kanun boýunça arassalanmaly günleriň möhleti geçýänçä, Batşeba bilen Dawut ýekelikde galyp bilmeýändirler: ogul dogulandan soň kyrk gün, gyz bolsa, segsen gün geçmelidir.
Ýekelik baradaky, aýlary baradaky pikirlerden Batşebanyň ýüregi tas durup galypdy. Dawudyň aýallary ony ýigrenýärdiler, ol olaryň gabanjaňlyk nyşanydy, olaryň hemişelik gybatlarynyň gurbanydy. Emma olardan öýkelemäge onuň hukugy barmyka? Olaryň diýýänleriniň bary dogrudy!
Dawud Batşebanyň ýaňagyna elini degrip, ýerinden galdy. Agyryly ýüregi bilen ol äriniň yzyndan seretdi. Kellesini aşak sallap, Batşeba tikinini eline aldy-da, agşamyň galanynda Dawuda seretmejek boldy. Onuň ýüregi gaty çalt urýardy, maňlaýy bolsa sowuk der bilen örtülipdi. Patyşanyň her bir aýaly bilen näçe wagtlap gürleşendigini Batşeba anyk bilýärdi. Dawut baradaky süýji arzuwlary şunuň ýaly elhenç zada öwrüler diýip, Batşeba hiç haçan oýlanmandy! Ahyrynda patyşanyň öz aýallarynyň ýanyndan aýrylyp, otagdan çykanda, Batşeba rahatlanma we şol bir wagtyň özünde gorky duýdy. Otagdan çykyp barşyna Dawudyň özüne seredendigini Batşeba duýdy, emma onuň bakyşyna jogap bermedi. Batşeba oduň boýundaky adamlara Dawudyň birin-birin göz aýlap, olara aýdym aýdyp beren döwürlerini hiç ýadyndan çykaranokdy. Patyşa indi Batşeba beýleki aýallaryndan artyk-da, kem-de üns berenokdy. Batşeba indi diňe patyşa baradaky oý bilen ýaşaýan aýallaryň biri boldy. Ejesi bu barada oňa duýdurypdy, emma Batşeba hususy tejribesinde öwrenýärdi.
Patyşa otagdan çykyp, yzysüre gapy ýapylanda, aýallar köşeşdiler. Olar indi onuň ünsi üçin bäsleşmeýärdiler. Kimdir-biri gürleşýärdi, kimdir-biri ýuwaşja oturdy, kimdir-biri bolsa, tikin tikmegini dowam etdirýärdi. Hyzmatkär agta otaga girende bolsa, hemmeler ümsüm boldular.
— Abygaýyl, — diýip, agta çagyrdy. Aýal ýerinden galdy we utanjyndan gyzardy-da, agtanyň yzyna eýerdi.
Batşeba hiç haçan-da şunuň ýaly agyryny duýmandy! Edil onuň döşünden ýüregini goparyp alanlary ýalydy! Magaka gülümjiredi. Haggyt eli bilen agzyny ýumup, Egla bir zatlar pyşyrdaýardy we ol hem öz gezeginde gülüp, Batşeba seretdi. Olar onuň howatyrlanandygyna üns beräýdimikäler? Batşeba ýerinden turup, gaçasy geldi. Ol öz otagynda ýeke galyp, agyry zerarly gygyrasy gelýärdi.
Ahynogam pyňkyrdy:
— Näme üçin Dawut Abygaýyly çagyrdy? Ol ony eýýäm birnäçe aý ýanyna çagyrmandy. Galyberse-de, ýene-de bir ogul dograry ýaly, Abygaýyl gaty garrydyr.
— Onuň adyny tutasym hem gelmeýäni çagyranyndan, goý, Abygaýyly çagyrsyn, — diýip, Magaka Batşeba gahar bilen seretdi. — Dawut
Batşebanyň jogap edip aýdyp biljek gödek sözleri edil ot ýaly onuň dilini ýakyp barýardy. Ýöne ol sesini çykarmady. Ýagdaýy öňküsinden-de beterleşdirmegiň näme peýdasy bar? Galyberse-de, Batşeba nädip özüni aklap bilerdi? Batşeba hakykatdan-da
Batşeba tikinlerini ýygnady-da, bu aýallaryň öz ýüregine öňkülerinden-de beter agyry bermeklerine mümkinçilik berdirmejek bolup, ýerinden galdy-da, kellesini aşak sallap, otagdan çykdy. Otagynyň gapysyny berk ýapyp, Batşeba ýere gaçdy we döşünden dyzaýan agyny basyp ýatyrmak üçin ýassyga ýüzün ýatdy.
Şol gije ol az uklady. Dawut bilen Abygaýyl baradaky pikirler oňa azar berýärdi. Ol irden turup, howludaky baga tarap gitdi. Zeýtun agajynyň aşagynda oturyp, kellesini aşak sallady, emma doga etmäge gorkýardy. Eger özüniň günäsiniň muzdy ölüm bolýan bolsa, onda Hudaýyň ünsüni çekmekligiň näme ähmiýeti bardyr? Batşeba seresaplylyk bilen elini garnyna goýdy, çaga bolan söýgi oňa özüniň gaýgylaryny ýadyndan çykarmaga kömek edýärdi. Onuň göwresinde täze durmuş ösýär. Dawudyň çagasy. Birden kimdir-biri ony çagyrdy:
— Batşeba!
Sandyrap, Batşeba yzyna öwrüldi we Abygaýylyň durandygyny gördi.
— Men patyşadan geldim, — diýip, aýal aýtdy. Ol Batşebadan uludy.
Batşebanyň ýüregi awady. Ol ellerini dyzy bilen gysyp, bütinleý sandyraýardy. Abygaýyl özüniň Dawudyň gujagynda geçiren gijesi bilen magtanjak bolýarmyka? Özüniň duýgularyny bildirmejek bolup, Batşeba zordan özüni saklap durdy.
Birnäçe wagtlap patyşanyň üçünji aýaly ony üns bilen synlady.
— Men oturyp bilerinmi?
— Elbetde, eger isleýän bolsaň.
Abygaýyl onuň ýanynda oturdy.
— Batşeba, men bu ýere seni beter etmek üçin gelen däldirin, — diýip, Abygaýyl aşak seretdi-de, köýneginden tozany kakyşdyran boldy. — Seniň köşk durmuşyna öwrenişip bilendigiň ýa-da bilmändigiň barada Dawut menden sorady. Seniň özüňi gaty mertebeli alyp barýandygyňy men oňa aýtdym. Bu ýerde seniň özüňi nähili duýýandygyňy ol sorady, men bolsa sen tarapdan ýekeje-de nägileligi eşitmändigimi aýtdym. Şeýle-de, ol garyndaşlaryň haýsydyr-biriniň senden habar alýandyklaryny ýa-da ýokdugyny sorady we mundan meniň habarymyň ýokdugyny men oňa aýtdym, — diýdi-de, Abygaýyl ýuwaşja güldi. Özündun uly bolandygym we öň hem äre çykandygym sebäpli biziň ärimiz bu barada meniň bilen gürleşmegi makul bilendir öýdýän. Seniň duýgularyňa men köşkdäkileriň hemmesinden-de oňat düşünýändirin diýip, Dawut oýlaýarmyka öýdýän. — Şeýle-de Dawut seniň Uryýa barada gaýgylanýandygyň ýa-da ýokdugyň barada menden sorady.
Gözýaşlaryny zordan saklap, Batşeba öňüne seretdi.
Abygaýyl kellesini galdyryp, oňa tarap öwrüldi.
— Dawudyň şu wagta çenli haýsy-da bolsa, bir aýaly barada şeýle aladalanyp, ol barada şeýle kän soraýandygyna men hiç haçan üns bermändim. Ol öýde parahatlygy saklajak bolup, biziň hemmämize-de deň seretmäge synanyşardy. Biziň barymyz onuň ünsüni gazanýarys, emma ol öň hic haçan-da biziň aramyzda hic hili tapawut goýmaýardy. Şu gije Dawut özüniň ýüregini maňa açdy. Ol muny käbir zatlary ýadyndan çykarmak üçin etmedi. Ýok, ol ýöne kömek gözledi. Batşeba, ol saňa aýratyn seredýändir.
Batşeba özüni duýdansyz ýagdaýda eýelän şatlykdan demini alyp bilenokdy. Emma Abygaýylyň gözlerindäki gaýgyny görende, şol pursat onuň ýüzi tutuk boldy. Dawudy ýene näçe aýal söýdükä?
— Meni bagyşla, Abygaýyl.
Batşebanyň näme diýjekdigini aňlap, Abygaýyl gülümjiredi.
— Patyşa aşyk bolmaklyk hemişe-de akylly däldir.
— Ejem hem maňa hut şeýle diýipdi.
— Seniň ejeň — pähimli aýal, — diýip, Abygaýyl gözlerini galdyrdy. Meniň pikirimçe, Dawut seni söýýär. Eger beýle bolmasa, onda ol eden işini etmezdi.
Batşeba utançdan gyzardy. Emma gaty geň zat — Batşeba Abygaýylyň sesinde, onuň gözlerinde hökümi görmedi. Batşeba sandyrap gitdi.
— Baryna meniň ýeke özüm günäkärdirin.
Eger bar günäni öz üstüne alsa, onda hemmeler üçin hem oňat bolar.
Abygaýyl başyny çaýkady.
— Biziň barymyz hem günä edendiris.
—
Ýöne Batşeba Abygaýylyň bilmän, Dawudy günä etmeklige yrandygyny aýtmady.
— Men şaýatlaryň öňlerinde ärime samsyk diýdim.
— Sen oňa wepaly galdyň.
— Hawa, Nabal serhoşlugyndan açylýança garaşypdym. Özüniň eden işi barada men oňa gürrüň berjekdim, bolanlara doly düşünmegini isläpdim. Men onuň gaty nebsewür, tekepbir we gorkakdygyny bilýärdim. Men oňa diýdim-de, gorkunyň ony gaplamagyna garaşdym. Men onuň ölümine garaşdym we ondan azat bolandygyma Hudaýa minnetdarlyk bildirdim. Dawut meni aýallyga almaklyk üçin yzymdan adam ibereninde bolsa, men çaltlyk bilen ýola düşüp, onuň ýanyna gitdim. Çünki ol barada eşidenlerim üçin ony söýdüm, özüni görenimde bolsa, ony öňküsinden-de güýçli söýdüm, — Abygaýylyň gözlerinde gözýaşlar ýalpyldadylar. — Men heniz hem ony söýýändirin.
Abygaýylyň öz ýüregini açyşyna deňeç Batşeba ynananyna, Batşebanyň özi hem haýran galypdy.
— Sen höküme eýe dälsiň, Abygaýyl. Hemmeler seniň paýhaslylygyň barada we şol pursatda seniň calt hereket edendigiň barada gürrüň edýärler. Şol gije sen köpleri ölümden halas etdiň.
Şol bir wagtyň özünde Batşeba adamsynyň we onuň bilen Rabbat galasyna hüjüm edenleriň ölümlerinde günäkärdi.
— Meni öwme. Hudaý meniň ýüregimi görýändir, Batşeba we diňe Ol biziň barymyzy höküm edýändir.
Şol pursat Batşeba özüni gaty erbet duýdy. Ol gözlerini ýumup, başyny aşak sallady.
— Hut oňa-da men hemmesinden beter gorkýaryn.
Abygaýyl Batşebanyň elinden tutup, mähir bilen gysdy.
— Toba edýänlere Hudaý rehimlidir.
Abygaýyl ýerinden turup, eden tobasynyň indi näme bolsa-da, bir zatlary üýtgetmäge ukyplydygy ýa-da ýokdugy barasynda oýlanary ýaly, Batşebany ýeke galdyrdy. Geljekde onuň özüni nähili alyp barjakdygynyň parhy ýokdur, çünki halk ony jelep kimin ýatlar.
Göwresinde göterýän cagasy bolsa, onuň günäsiniň şaýatnamasy bolar.
* * *
Çaganyň dogulanynda, Batşeba özüne kömek eden aýallaryň gözlerine seredip, özüniň günäsiniň paş edilendigine düşündi. Ol berk we sagdyn oglany özüniň şa köşgüne geleninden bary-ýogy alty aý geçeninden soň dogurdy. Çagasynyň göbek enesiniň ellinde gygyranynda, Batşeba aýalyň ýüzünde ýigrenç gördi. Batşeba bir aýaldan beýlekisine göz gezdirdi we oňa gaty gorkunç boldy. Agyra üns bermän we bar güýjüni toplap, Batşeba ýerinden turdy.
— Oglumy maňa beriň!
Göbek ene edil elinde bir haram zady tutup duran ýaly edip, çagany onuň eline tutdurdy. Beýle rehimsiz gatnaşykdan geň galyp, Batşeba aýaldan yza çekildi-de, ogluny bagryna berk basdy.
Eger çagasy bilen nähili gatnaşyk etjekdiklerini öň bilen bolsady! Köşgüň ähli ýaşaýjylary, şeýle-de, bütin halk onuň oglunyň günäde peýda bolandygyny bilerler!
Hemmeler otagdan çykdylar, emma Batşeba gapynyň arkasynda aýallaryň pyşyrdaşýan seslerini eşitdi.
Tizara Abygaýyl geldi.
— Seniň bilen birsalym wagt bolsam, sen garşy bolmazmyň?
Onuň mähirli sözlerini eşidip, Batşeba aglady.
— Men olaryň özüme bolan ýigrençlerine düşünmeýärin, emma meniň oglum
Abygaýyl Batşebanyň gözüne düşüp duran saçlaryny aýyrdy.
— Çaga üçin köşeş, — diýdi-de, çagany eline almak üçin aşak egildi. — Rugsat berseň men ony götereýin. Men ony ýuwup, syrkawlamazlygy üçin oňa duz çalaýyn. Onsoň bolsa gundaga dolap, patyşa görkezeýin.
Ol ýerde çagany babasy hem görer we baryna düşüner.
Ahytopel Rabbatdan dolanyp gelende, Dawut oňa ençeme sowgatlar berdi. Ahytopel bilen özüniň gatnaşyklarynyň gowudygyna Dawut Batşebany ynandyrypdy, emma Dawudyň diňe patyşa bolanlygy sebäpli henizem diridigini Batşeba bilýärdi. Onuň babasy ýuka we hemme zada öňünden aň ýetirýän adamdy, emma ol edil Ýogap ýaly bagyşlamagy başarmaýardy. Ahytopeliň oýlap biljeginden Batşeba gaty gorkýardy. Dawut başynda Hanunyň täji bilen goşunyna serkedilik edip Iýerusalime gireninde, Batşeba köşgüň diwaryndan durup, babasynyň harby maslahatçylaryň baştutany bolup şähere girýändigini gördi. Ol Batşeba tarap ýokary seretdi. Ol agtygyna ýylgyrmady we salamlaşmak üçin elini-de galdyrmady. Ahytopel Batşeba edil nyşana seredişi kimin seredýärdi.
Kakasynyň Rabbatda ýaralanany zerarly ony öýüne getirenlerinde, oňa gyzy baradaky taryhy bütinleý aýtmandyklaryna Batşeba umyt edýärdi. Belki kesel kakasyna ejesiniň rehimi gelendir? Elbetde, Eliýama gyzy bilen patyşanyň jelepçilik günäsini edendiklerini aýdary ýaly ejesi gaty rehimsiz däldi. Bu habar kakasyny öldürip bilerdi! Ähli hapa gybatlary aýtman, Uryýanyň ölümi baradaky habardan soň, Dawudyň aýaly hökmünde Batşebanyň köşge alnandygyny Eliýama aýtmaklyk onuň ejesi tarapyndan uly rehimdarlyk bolardy.
Gijelerine her hili belalar Batşebanyň düýşüne girýärdi we ol sowuk der bilen oýanyp, öz üstünde babasynyň eli pyçakly durandygyny görmäge garaşýardy. Käwagtlar bolsa, özüniň kakasynyň gapysyna gulak goýup, babasynyň Eliýama aýdýan sözlerini eşidýändigi düýşüne girýärdi: «Eý meniň oglum, meniň oglum! Olar jezalandyrylman galmazlar! Dawudyň patyşa bolýandygyna seretmezden, men ony öldürerin! Eger men muny başaryp bilmesem, onda goý, men öleýin!».
Batşeba özüne nähili geljegiň garaşýandygyny oýlanmaga synanyşmaýardy. Ol özüniň biderek düýşlerini ýadyndan çykarmaga synanyşýardy.
Dawut oglundan göwni hoşaldy. Ol Batşebanyň ýanynda oturyp, onuň gözlerine seredýärdi we çagany mähir bilen sypalaýardy. Batşeba Dawut bilen betbagt duşuşyklar üçin ýaşamaklygy we onuň söýgüsiniň hemişelik däldigine seretmezden, bu söýgüden gyzynmaklygy çözüpdi. Onuň ogly kakasy ýaly bolmaz. Batşeba ogluny elinde tutanda, onuň bedeniniň ýylylygyndan, emdireninde bolsa, onuň göwsi gözleýşinden hezillik alardy. Öz teninden bolan çagasyny söýşi ýaly, Batşeba hiç haçan we hiç kimi şeýle söýmändi. Ol özüni ogluna bagyş etdi. Çaga baradaky aladany hiç kime-de ynanman, Batşeba gijedir gündiz oglana seredýärdi. Çaganyň her bir hereketine, onuň her bir gykylygyna seslenip, Batşeba ony hemişe ýanynda saklaýardy. Çaga özüniň söýülmekligi üçin ýaşaýandyr we Batşeba öz çagasyna bar mährini we söýgüsini berdi, ol ogly baradaky aladalarda eredi.
Onsoň bolsa, hakykaty aýan etmeklik üçin Natan geldi.
* * *
Natanyň köşge gelip, ýaşula patyşanyň mynasyp hormat goýmaklygy üçin howla gireninde, Dawuda ol barada habar berdiler. Pygamberiň ýanyp duran gözlerini görende, Dawut howsala düşdi we özi üçin ýakymly bolmadyk sözleri aýtmaklygy üçin Natanyň gelendigine düşündi.
— Näme seni köşge getirdi? — diýip, Dawut tagtynda oturdy-da, ellerini tirsekliklere goýup sorady. — Seniň üçin men näme edip bilerin?
Aýaklaryny giň gerip, Natan patyşanyň öňünde durdy. Ol Dawutdan kyrk ýaş uludy, emma ýanyp duran gözleri ony ýaş görkezýärdi. Haçan-da ol agzyny açyp, köşkdäkileriň barynyň ýüreklerini eredýän çuňňur we arassa sesi bilen gürlände, adamlar Hudaýyň bardygyny duýýardylar.
— Bir şäherde iki adam bar eken. Olaryň biri garyp, beýlekisi bolsa baý eken. Baý adamyň ençeme ownuk we iri şahly mallary bar eken. Garybyň bolsa satyn alyp, bakyp ýetişdiren goýnundan başga maly bolmandyr we bu goýun onuň çagalary bilen bile ulalypdyr. Goýun onuň çöreginden iýip, käsesinden içýän eken. Onuň gujagynda uklap, edil gyzy ýaly eken. Günleriň birinde baý adamyň öýüne myhman gelipdir. Myhman üçin nahar taýýarlamaga öz goýunlarydyr öküzlerine haýpy gelip, garybyň goýnuny ogurlap, ony myhman üçin bişiripdir.
Dawut gazap bilen tagtyň tirsekligini ýumruklady.
— Hudaý diridir, muny eden adam ölüme mynasypdyr! Ogurlanan we oňa rehimi gelinmedik adama ol goýun üçin dört esse edip tölemelidir.
Natanyň gözleri ýalpyldady.
—
Dawut üşäp sandyrady.
Natan birnäçe ädim öňe ätdi.
— Ysraýylyň Hudaýy Taňry şeýle diýýär, — diýip, ol ýuwaş, emma täsirli edip aýtdy. — «Men seni Ysraýylyň şasy edip belledim we Men seni Şawulyň elinden halas etdim. Onuň öýüni we aýallaryny, Ysraýylyň we Ýahudanyň öýüni-de saňa berdim. Eger bu seniň üçin az bolsa, onda ýene-de bererdim».
Dawut özüni gaban gorkudan sandyrady.
— «Näme üçin sen Hudaýyň öňünde ýamanlyk edip, Onuň sözüni äsgermezlik etdiň? Hetli Uryýany öldürdiň, aýalyny bolsa özüňe aldyň», — Natan sözüni dowam etdirdi.
Eşidýänleriň bary agyzlaryny açyp, Dawuda dikanlap seretdiler. Maňlaýynda der damjalary peýda bolup, ýaňaklaryndan aşak akdy. Hudaý onuň gulaklaryny açdy! Ol Natan tarapyndan aýdylan hakykaty eşitdi. Hudaý onuň gözlerini açdy! Ol özüniň eden ýamanlygyny gördi we gorkudan gygyrdy. Ol nädip beýle kör bolup bildikä? Nädip Hudaýy güýçli söýüp, şol bir wagtyň özünde günäniň guly bolup bolarka? Dawut özüniň tagtyndan böküp turup, pygamberiň aýagyna ýykyldy, özünde Hudaýyň nazaryny duýany ýaly patyşanyň ýüregi dürküldäp urýardy.
— «Şeýlelik bilen, — diýip, Natan aýtdy, — Meni äsgermezlik edip, aýalyň bolmaklygy üçin hetli Uryýanyň aýalyny alandygyň sebäpli seniň öýüňden asyrlar boýy gylyç aýrylmaz. Ine, seniň öýüňden Men saňa garşy ýamanlyk galdyraryn. Aýallaryňy alyp, ýakynyňa bererin we günüň aşagynda ol seniň aýallaryň bilen ýatar. Sen gizlin etdiň, Men bolsa, bütin Ysraýylyň öňünde ederin».
Dawudyň ýüregi gamdan doldy.
— Hudaýyň öňünde men günä etdim!
Ol ölüme mynasypdyr. Uryýanyň yzyna öwrülip, ölümini garşylamaga gitmezinden ozal Dawut onuň özüne seredenini ýadyna saldy.
Munuň deregine Dawut özüniň kellesine Natanyň eliniň emaý bilen degendigini duýdy.
— Hudaý seniň günäňi geçdi, sen ölmersiň.
Dawut haýran galyp kellesini galdyrdy. Dawut edil çaga kimin Natan onuň saçlaryny sypalady, pygamberiň gözleri bolsa gaýgylydy.
— Emma, — diýip, Natan sözüni dowam etdirdi, — Hudaýyň duşmanlarynyň Ony masgaralamaklaryna mümkinçilik berendigiň üçin seniň doglan ogluň öler.
Dawudyň ýüregi aşak gaçdy. Ol üns bilen Natanyň gözlerine seretdi we olarda ol hiç hili-de rehimdarlygy görmedi. Oglunyň ölümi Batşeba nähili täsir etjekdigi barada oýlananda, Dawudyň ýüregi tas saklanypdy. Gözlerini ýumup, ol başyny aşak sallady, Natan bolsa yzyna öwrülip, onuň ýanyndan aýryldy.
* * *
Oglunyň iýmekligini bes etdireninde, Batşeba howsala düşdi we onuň sandyraýandygyny göreninde bolsa, gaty gorkdy. Batşeba elinden gelenini etdi, emma sandyrama çagany güýçden gaçyryp, ondan aýrylanokdy. Batşeba ogluny elinde göterip, yralaýardy. Yralap ýadandan soň ol düşeginde ýatdy we çagany berk bagryna basdy. Ol ençeme sagatlap aglady, çünki çagasyny ýitirmekden gorkýardy.
— Dawut nirede? Ol bilýärmi?
— Ol bilýändir, hanym, — diýip, agta oňa jogap berdi. — Ol oraza tutup, çaga üçin doga edýär.
Batşebada umyt şöhlesi peýda boldy: Dawudyň her bir dilegini Hudaý eşitmänmidi? Hudaý oňa hemişe kömek etmänmidi näme?
Batşebanyň özi Hudaýa ýüzlenmäge gujur tapanokdy.
Çaga gün-günden güýçden gaçýardy. Ýedinji gün Batşeba çagany elinde tutup, ýuwaşja doga edende, ol dem almaklygyny bes etdirdi. Ençeme wagtlap, edil Batşebanyň özüninň ýüregi saklanan ýaly boldy. Ol gygyrmady, saçlaryny ütmedi we geýimlerini ýyrtmady. Ol gözlerini ýumup, oglunyň bedenini gujaklap, düşeginde ýuwaşja ýatyrdy.
Birwagtlar çagalaryny ýitiren aýallar hem Batşeba gynandylar. Beýlekiler bolsa, Batşebanyň oglunyň üstünden edilen Hudaýyň höküminden hoşallygy duýdular.
— Bu onuň gazananydyr, — diýip, olar pyşyrdaşýardylar. Ine serediň, günäkärler bilen Hudaý näme edýändir! — diýip, köşkde gybat edýärdiler. — Ol beýlekilere içiren ajysyndan özi hem içdi.
Batşebanyň ýanynda Abygaýyl oturdy we biçäre enäniniň kellesini sypalaýardy. Bu aýal Batşebany edil Hudaýyň alan kiçijik çagasy kimin gujaklap durdy. Batşeba çirkin ses bilen gygyryp aglady.
Ahyrynda ýadap bizar bolan Batşeba ýatdy.
— Dawut gelmedi. Ýekeje gezek-de gelmedi. Men oňa habar beripdim. Biziň çagamyzyň ölendigini ol bilýär. Şonda-da gelmedi. Ol meni söýýändir öýdüpdim.
Abygaýyl elini Batşebanyň egnine goýdy.
— Ol ýedi günläp doga etdi we oraza tutdy. Ol rehim barada dyngysyz Hudaýa dileg etdi. Ruhanylar çaganyň ölümi barada aýtmaklyga gorkýarlar. Olar Dawut özüni öldürmegi mümkin diýip oýlanýarlar.
Bu sözlerden gorkan Batşeba oturdy.
Abygaýyl başyny çaýkady.
— Gorkma. Näme bolandygyny Dawut eýýäm bilýär. Onuň adamlary baryp, oňa habar berdiler. Ol ýerinden turup ýuwundy we eşiklerini çalşyp, doga etmek üçin Hudaýyň öýüne gitdi. Onsoň ol köşge dolanyp gelip, nahar iýmäge başlady.
Batşeba ýene-de düşeginde oturyp, diwara tarap öwrüldi.
— Hudaý gaty rehimsizdir.
— Sen beýle diýmeli dälsiň.
— Näme üçin? Bigünä çagany öldürmekligiň deregine Ol
Abygaýyl elleri bilen onuň ýüzüni sypalady.
— Eger köşeşmeseň, onda kesellärsiň.
— Kesel bolaýyn we öleýin! — diýip, möňňürip aglap, Batşeba dyzlaryny kükregine çekdi we kellesini elleri bilen ýapdy. — Näme üçin meniň günäm üçin Hudaý oglumy jezalandyrdy? Näme üçin?
— Men bilmeýärin, — diýip, Abygaýyl ýuwaşja aýtdy.
Batşeba doly umytsyzlyk bilen diwara ýüzüni öwrüp, başga ýekeje-de söz aýtmady.
* * *
Dawut naharlananyndan soň maslahatçylar öz pikirlerini oňa aýtmaklyga başladylar.
— Jenabymyz şa, Uryýanyň aýaly üçin aýratyn otag edilse akylly bolardy. Sen ony hiç-de görmeli dälsiň.
Şemalyň nireden gelýändigini biljek bolup, Dawut kellesini galdyrdy. Ejizleriň üstüne hüjüm etmeklik hemişe-de ýeňildir.
— Halk, — diýip, beýleki maslahatçy seslendi. — Sen halk barada oýlanmalysyň.
Dawut hut halk barada
— Öz elleri bilen adalatlygy amala aşyrjak bolýanlardan goramak üçin sen, elbetde, Batşebanyň nirede ýaşamalydygyny çözmelisiň.
— Mikal ýaly Batşebany aýry ýerleşdir.
— Eger sen ony Hebrona ýa-da Ýeriha iberseň, seniň üçin gowy bolar.
Dawut nahary özünden daşlaşdyrdy-da, ýerinden turdy.
— Men sizi diňledim, — diýip, ol öz maslahatçylaryna seretdi. — Meniň eden günäm üçin Batşeba jezalandyrylmaz. Men Hudaýyň öňünde ökündim we toba etdim. Men halka dogrusyny aýdaryn.
Dawudy söýýänler bada-dat köşeşdiler, emma başlaryny aşak sallap, özlerini gulak asyjylar ýaly edip görkezýänler hem bardy. Ol bu adamlar bilen ençeme ýyllary çölde entäp geçirmänmidi? Oňat eşikler we baý durmuş olary özgertmändi. Öz awuna topuljak pursadyna garaşyp, bukulyp ýatan arslan ýalylar köşkde hemişe bolarlar.
— Hudaýyň meni bagyşlandygyny Natan maňa aýtdy.
— Hawa, biziň jenabymyz, şa. Hudaý
— Uryýanyň ölüminde Batşeba günäkär däldir.
— Jenabymyz şa, aýal günäkär bolman bilermi ahyryn? Entek Erem bagynda erkegi günä elten aýal dälmidir ahyryn?
Dawut özüniň ýakynlarynyň gözlerine seretdi we olarda hiç bir rehimliligi görmän, gaty gynandy. Diňe onuň tagtda oturanlygy zerarly olar nädip çalt onuň günäsini bagyşladylar we bar günäni ejiz aýalyň üstüne ýüklediler.
— Bütin Ysraýyl seni söýýändir, — diýip, geňeşçileriň biri aýtdy, emma Dawut onuň diliniň bütinleý zäherden doludygyny bilýärdi.
— Men öz goýunlarymy ýoldan çykaran çopandym.
— Sen patyşasyň, halk bolsa howp astynda galandyr, jenabym. Bu aýal günäniň ýuwulmagy üçin getirilýän arassa guzy dälmidir ahyrym?
Bu gödek sözler Dawudyň gözlerinde gözýaşlary peýda etdirdiler.
— Hudaý guzy saýlady. Ol meniň oglumy aldy.
Patyşa geňeşçilerine arka öwürdi-de, göni Batşebanyň otagyna tarap gitdi. Ol bu aýaldan dynmaklygy maslahat berýän adamlara ýaranjak bolup, entägem uzak wagtlap Batşebadan habar almandy.
Dawut Batşebanyň otagyna girip, aýalynyň diwara ýüzün ýatanyny göreninde, onuň ýüregi edil dilim-dilim bolup barýan ýalydy. Başyny yrap, ol hyzmatkärini iberdi we düşegiň çetinde oturdy.
— Batşeba, — diýip, Dawut ýuwaşja ýüzlendi. Aýal tisgindi-de, kellesini elleri bilen tutdy. — Batşeba, — diýip, ol aýalyny özüne tarap öwürdi-de, gujaklady, — meni bagyşla.
— Biziň oglumuz... biziň oglumyz...
Batşeba aglap, ärine berk ýapyşdy.
Dawut ýüzüni onuň egnine goýup, aýaly bilen bile aglady.
— Günä meniň başymadyr, — diýip, ol bogulan sesi bilen aýtdy.
Batşeba bada-bat ondan aýryldy.
— Ýok, ýok. Bu meniň günäm.
— Batşeba...
— Seniň yzyňdan hemişe kim ýöräpdi? Kim äri bilen oturanda-da, diňe saňa seredýärdi? Kim öz äri barada oýlanman, seniň gujagyňa özüni oklady? — Batşeba özüni ýumruklaýardy. — Men! Bu mendim!
Dawut onuň bileginden berk tutdy.
— Batşeba, Hudaý biziň oglumyza jeza bermedi. Ol ony erbet adamlar üçin elýetmez etdi.
Şanyň ýaňyja olaryň ýanlaryndan aýrylan adamlary ýalylardan. Bu pursatdan peýdalanyp, Dawuda garşy çykjak adamlardan.
— Hudaýy masgaralamak üçin näçe adam biziň oglumyzyň dogulmagynyň sebäplerinden peýdalanardylar? Hudaý biziň oglumyzy ýamanlykdan gorady.
— Men oglumy görmek isleýän! Ony elime almak isleýän!
Dawut eli bilen Batşebanyň kellesini gysdy we onuň gözýaşlardan dolan ajaýyp gözlerine seretdi.
— Mähribanym, ol Hudaýyň elindedir. Men ony saňa dolandyryp bilmerin, — diýip, Dawut ony edil köşeşmäge mätäç bolýan kiçijik çagany üwreýşi ýaly etdi. — Wagty geler we sen ýene-de onuň bilen bolarsyň.
Batşeba köşeşdi.
— Hudaý meni ýigrenýär.
— Ýok, — diýip, Dawut Batşebanyň ýüzünden gara saçlaryny aýyrdy. Aýalynyň ýüzüniň agarandy, onuň gözlerindäki gaýgylar Dawuda ejir berýärdi. — Batşeba, men öz ygtyýarlygymy erbetlik üçin ulandym. Men seni görenimde, seniň kimdigiňi öz adamlarymdan soradym. Men seniň äriň, kakaň we babaň hakda oýlandymmy ahyryn? Men yzymdan aýrylman ýörän kiçijik gyzjagazy ýadyma düşürdim. Men seniň neneň owadan aýal bolandygyňy gördüm we seni isledim. Meniň üçin diňe bir zat — öz höwesimi gandyrmak wajypdy, galanlarynyň manysy ýokdy. Munuň beýlekiler üçin, esasan-da, seniň üçin boljak bahasyny oýlamandym.
— Abygaýylyň edişi ýaly men hem seni saklamalydym...
— Abygaýyl maňa duşanda, men başga adamdym. Ýaş çagymda men ýüregim bilen Hudaýy söýýärdim. Şol günler men janymy halas edýärdim. Töweregiňe göz aýla. Indi meniň nähili ýaşaýandygymy sen görýärsiň. Seni köşgüň tamyndan görenimde, men gopbamsylykdan kör bolan patyşadym.
Indi Dawut özüni anyk görýärdi we onuň ýüregini ajy doldurýardy. Ol özüniň goşunbaşy borjuny ýerine ýetirmekden boýun towlapdy. Köşgünde arkaýyn iýip-içip, onuň içi gysýardy.
Howlusynda suwa düşünýän owadan aýaly görüp, ony köşge getirmeklerini esgerlere buýrupdy. Näme üçin ol islänini almaly dälmişin? Ol —
— Men özüme ynamlydym! Bütin ygtyýarlyk meniň elimdedir öýdüpdim. Islänime eýe bolup bilerin öýdüpdim. Şeýdip men seni äriňden aýyrdym we sen göwreli bolduň. Onsoň men özümiň günämi gizlejek bolup, öz dostumy ulanjak boldum. Uryýa menden dogruçyl eken.
Dawut Batşebanyň titrändigini duýdy.
— Ol bildi, — diýip, Batşeba ýuwaş aýtdy.
— Hawa, ol bildi, — diýip Dawut aýtdy we gözlerini ýumdy, ýiti agyry onuň ýüregini sançdy. — Jezany men çekerin, Batşeba, çünki men bigünä gany dökdüm, — gaýgy we öz-özüne bolan ýigrenç patyşany gabady. — Meniň üçin Hudaýyň edenleriniň ählisinden soň men höwesiň özümi ýeňmekligine ýol berdim we ähli zatda maňa ýeňiş Berenden ýüz öwürdim.
— Men hem günälidirin. Öz günämi men saňa bolan söýgüm bilen aklaýardym.
— Uryýany sen öldürmediň.
— Adama naýzanyň urulmazyndan öň hem ol ölüp bilýändir.
Batşebanyň agaran ýaňaklaryndan gözýaşlar düýrlendiler. Uryýa oňat är we wepaly esgerdi, Batşeba bolsa, onuň ýüregini döwüpdi we hut Batşeba üçin Uryýa öldürildi.
Dawudyň gürlemäge haly ýokdy, ol aýalynyň kellesini bagryna basdy. Kanuny bilýän we söýýän bu iki adam nädip beýle edip bildiler? Haçan we nädip günä olaryň durmuşlaryna aralaşypdyr we olaryň ynsaplaryny öldürip, olary gul etdikä? Belki-de günäniň birinji tohumy Dawudyň Batşebanyň eýýäm çaga däldigini görende we kakasynyň gyzyny başga birine bermänkä, Dawutda Eliýamdan ony soramaklyk islegi döräninde peýda bolandyr? Hut şol wagt tohumyň ekilendigi we soňra Dawudyň ony öz höwesleri bilen suwaran bolmagy mümkinmikä?
Emma onuň Batşeba bolan duýgusy ýöne höwes däldi. Dawut ony diňe bir ten höwesi üçin islänokdy. Ol Batşebany
Dawut Batşeba ýakynlaşyp, ony ogşady. Çözgütsizlik zerarly Batşebanyň dodaklary titreýärdi. Dawut ony ýene bir gezek ogşady we Batşeba oňa jogap berdi. Dawut kellesini galdyranda bolsa, Batşeba ýuwaşja uludan demini alyp, ýene-de oňa ýapyşdy.
— Hudaý bizi bagyşlady, — diýip aýtdy-da, ol gözlerini ýumup, sessiz minnetdarlyk bilen doga etdi. — Durmuşymyzy saklamaklygy bilen Hudaý bize Özüniň rehimini görkezdi. Meniň seni terk etmelidigimi
— Emma ikimiziň edenimizi we beýlekilere ýetiren jepalarymyzy bilibem, biz nähili ýaşarys?
— Biz şu gün bilen ýaşarys we boljaklaryň ählisini batyrgaýlyk bilen garşy alarys.
— Men hiç haçan geljege seretjek däldirin. Eý Dawut, indi men baryny anyk görýärin we bu maňa gaty ejir çekdirýär. Biz ejir çekjekleriň arasynda ýeke däldiris. — Batşeba yza çekilip, ärine seretdi. — Eger-de biziň ýeke özümiz ejir çeksedik...
Dawut aýalyna üns bilen seretdi.
— Natan Hudaýyň sözüni aýtdy. Maňa nämäniň garaşýandygyny bilýärin.
Batşeba äriniň ýakynlaşyp, ony gujaklady.
— Dawut, men seni söýýärin. Men seni hemişe-de söýüpdim. Näme bolsa-da, men seni söýerin.
— Men bilýärin, — diýip, ol gaýgyly ýylgyryş bilen aýtdy.
Olaryň arasynda hiç haçan hem söýgi hakda sorag durmandy. Ol hem Batşebany beýleki aýallaryň her birinden gyzgyn söýýärdi. Emma özüniň Batşeba bolan söýgüsi baryny aklar hasaplap, wepaly dostlaryny satandygyny ýadyna düşürende, Dawut her gezek gaty gamgynlanardy: Uryýa Dawut bilen bile ençeme söweşlere gatnaşypdy, hatda şa olaryň ählisini ýatlap hem bilmeýärdi; Eliýam bilen ol üçekdir çörek paýlaşypdy; Ahytopel — täsin harby maslahatçy. Olar onuň wepaly hyzmatkärleri bolmaklaryny dowam etdirermikäler? Olaryň öz patyşalaryna bolan söýgüsini Dawut satdy we ol indi ýigrenje öwrülipdi. Ahytopel hiç haçan hem agtygynyň adyny tutmazlyga ant içipdi, ejesi bolsa hatda Batşeba çaga doguranynda hem onuň ýanyna gelmändi. Garyndaşlary Batşebadan ýüz dönderdiler. Dargan dostlugy we ynamy dikeltmek we Hudaýyň adyny şöhratlamak üçin Dawut elinden gelenini etjekdigine ant içipdi.
— Meni bagyşla, — diýip, oňa näçe gaýgy ýetirendigine ökünip, Dawut Batşeba aýtdy. Dawut özüniň kemsidip, masgaralan adamlary barada doga edýärdi we özüniň söýýän aýalyna eden hormatynyň bu adamlaryň ýüreklerini ýumşatmagyny dilerýärdi.
— Biziň oglumyz, — diýip, Batşeba bütin bedeni bilen titräp, ýene-de aglamaga başlady. — Biziň oglumyz...
Dawut özüniň ýaş aýalyny gujaklady we özüne mälim bolan ýeke-täk usul bilen ony köşeşdirdi. Onsoň Dawut özlerine Hudaýyň ýene-de rehim edip, günäleri üçin tölän oglunyň deregine çaga bermekligini diledi.
Bäşinji bap
Batşeba özüniň ýene-de göwreli bolandygyny bilende, ol eýýäm şatlanmaga gorkýardy. Birden Hudaý ýene-de onuň çagasyny alar? Birden ol bu çagany birinjisi ýaly özüniň elinde ölmekligi üçin dogar?
Baý durmuş bilen ýaşaýan şanyň aýaly Batşeba ýeke we şatlyksyz ýaşaýardy, garyndaşlarydyr dostlary ondan gaçýardylar. Dawut bolsa, Rabbaty gaban goşunyna goşuldy, goragsyz we ejiz bolan Batşeba bolsa, duşmanlarynyň içinde köşkde galdy. Köşküň arkasyndaky halk Batşebany jelep hasaplaýardy we ony ýazgaryp, edil ejesi ýaly gatnaşyk edýärdi. Eger özüniň hususy ejesi ýigrenýän bolsa, onda nädip Batşeba Hudaýyň rehimine umyt edip biler? Hiç bir adam onuň günälerini bagyşlamadyk bolsa, onda Hudaýyň bagyşlandygyna ol ynanyp bilermi? Hudaýyň Dawudy bagyşlandygyny Natan oňa aýdypdy, emma munuň Hudaýyň Batşebany hem bagyşlandygyny aňladýardymy? Ony-da Hudaýyň bagyşlandygyny Dawut tassyklapdy, emma Batşeba muňa ynanyp bilmeýärdi. Ol hemişe gorkuda ýaşaýardy. Dawudyň köşgünde Batşebanyň hiç zady ýokdy. Hudaýa gurbanlyk berip, günäsini ýuwary ýaly göle ýa-da guzy satyn almaklygy üçin onuň puly-da ýokdy. Hudaýa bar berip biljek zady — bu onuň tukatlanan ýüregi we galan durmuşyny dogruçyl ýaşamaklyk islegidi.
Batşeba birnäçe ýyl yza dolanyp, ejesiniň elinde doly howpsuzlykda ýatan çaga bomaklygyny gaty küýseýärdi! Ýene-de babasynyň dyzynda oturyp, odunyň boýunda onturanlara onuň berýän pähimlerini diňlemekligi küýseýärdi! Birwagtlar ol owadan esgeri, aýdymçyny we goşuny güýçlendiren tanymal serkedäni jogapsyz söýen bigünä gyzjagazdy. Indi bolsa, ol Dawudyň sekizinji aýalydy, köşkden daşarda bolsa, tanymal jelep adyna eýedi. Köşkde ýaşamaklygy üçin öz ärini öldürmeklige hemmeler tarapyndan söýülýän patyşany yrdy diýip, adamlar gürrüň edýärdiler. Halk Dawudy bagyşlady we barynda Batşebany günäkärledi.
Adamlaryň Dawuda şeýle geçirimlidiklerine öýkelenmeýärdi. Kimdir biri günäniň agyryny çekmelidi we goý, Dawudy däl-de, Batşebany günäkär saýsynlar. Ol bary ýogy aýaldy, Dawut bolsa, patyşady.
Batşeba Hudaýdan özüniň jenaýatlaryny aýryp, günäden saplamagyny diledi.
— Eý Taňrym, maňa Özüňiň halaýan ýüregiňi ber. Meni garaňkylyga kowma.
Emma hatda doga pursadynda-da Batşeba özüniň gödekliginden utanýardy. Nädip ol rehim barada sorap bilýär?
Haçanda ol gijelerine otagynda ýeke özi galanda, gorky ony has-da eýeleýärdi. Onuň bagtly ene bolmaklyga haky barmyka? Ýok! Uryýa bilen ölen ogullaryna näçe eneler henize çenli aglaýarlar? Ärleriniň, doganlarynyň we garyndaşlarynyň ölümlerine näçe aýallar aglaýarlar? Ýok, onuň bagta haky ýokdur.
Emma çaga, wah, çaga.
— Eý rehimdar Hudaý, diňe Sen meni aklap bilersiň. Eý Taňrym, aglaýanlary köşeşdir. Goý, ertirine olarda şatlyk bolsun. Meniň bilen isläniňi et, emma meniň günälerimde günäkär bolmadyk ogluma rehim et.
Köpler Batşebany barmaklary bilen görkezip, onuň yzyndan başlaryny çaýkaýardylar, ýöne näme bolsa-da, Batşeba rehime umyt edýärdi.
Çaga ýeňillik bilen doguldy, oglan güýçli, sagdyn we owadandy. Batşeba özüniň ikinji ogluny elinde tutup durdy we aglaýardy. Mähirlilik ony tolgundyrýardy, ýöne süýt emýän çagasyna hemizem ol gorky bilen seredýärdi. Sag eli bilen ol çaga ejesiniň başam barmagyny berk gysýardy.
— Eý Taňrym, oglumy Seniň islän adamyň edip ulaltmagy wada berýärin. Men oňa Seniň kanunlaryňy söýmekligi öwrederin, — diýip, kiçijik oglunyň ellerinden ogşanda, Batşebanyň ýüzünden gözýaşlar akdy. — Men oňa Süleýman dakaryn, onuň dogulmaklygy bilen men Hudaýyň
Birnäçe sagatdan soň Natanyň eli bilen ýazylan hat geldi.
Batşeba güldi.
Batşeba minnetdarlyk we şatlyk duýgulary bilen dolupdy.
— Meniň oglum... meniň oglum, — Batşeba şatlykdan aglaýardy. Ol oglunyň kiçijik ýüzünden ogşaýardy. — Men öz gaýgylarymy Hudaýa getirdim. Mynasyp bolmadyk men Oňa halas etmekligi barada ýalbardym we Ol maňa Öz tagtyndan jogap berdi.
Batşeba şatlykdan gülýärdi we şadyýanlyk gözýaşlary Süleýmanyň maňlaýyna akýardy. Ol olary oglunyň näzik bedeninden emaý bilen süpürdi.
— Ýediýdeýa, — diýip, Batşeba sesli aýtdy. Ol oglunyň ýaňaklarynyň ikisinden-de ogşady-da, öz elinde oňatja ýerleşdirdi. — Ýediýdeýa, — çagany gujaklamakdan Batşeba ýadamaýardy. — Meniň käsem Hudaýyň patalaryndan dolup daşýar, — diýip, oglunyň arkasyny emaý bilen sypalap, pyşyrdap aýtdy.
Ýediýdeýa. Hudaý onuň ogluny
* * *
Rabbat ýykyldy we ýeňilen ammonlar byçgylaryň, demir paltalardyr çekiçleriň aşagynda gyryldylar; ammon hudaýynyň ybadathanasy we şäher diwarlary ýumruldy. Goşunlaryny çykarmazyndan ozal, Dawut galan ammonlar hakda buýruk berdi: olar kerpiç bişirip, Dawudyň basyp alan şäherlerini täzeden dikeltmelidiler.
Dawut goşunyny Iýerusalime alyp geldi. Ýalan hudaýlaryň Taňra garşy durup bilmejekdiklerini görkezjek bolup, ol ammon hudaýynyň täjini kellesine geýdi. Dawut oljalardan dolup-daşyp gelýän guşunlaryna baştutanlyk edip, şäher derwezelerine girende, halk patyşany ses bilen garşy aldy. Dawudyň yzyndan goşunbaşylar we maslahatçylar, olaryň yzlarynda bolsa, ýönekeý esgerler gelýärdiler.
Patyşanyň maslahatçylarynyň arasynda Batşeba babasyny-da gördi we onuň bilen Dawudyň arasynda parahatçylygyň dikelendigine Batşebada umyt peýda boldy. Belki-de, çowlugynyň dogulandygyny bileninde, Ahytopel Batşebany bagyşlandyr. Emma Batşebanyň Joramdan eşiden habary ony keýpden gaçyrdy.
Dawut Rabbata öz islegi bilen gitmändir. Şanyň Rabbata barmaklygyny aýtmaklary üçin Ýogap habarçylary iberipdir, çünki Ýogap ýeňiş gazanypdyr we Dawuda şa täji garaşýardy[9]. Şeýle üstünlik bilen Ýogap göni aýdyp bilerdi:
Batşeba Dawut üçin gorkdy.
Ýogap bilen onuň dogany Abyşaý gödek esgerlerdiler, olar tiz öýkeleýän we ar alyjydylar. Uryýanyň öýünde Şawulyň goşunynyň iň güýçli esgerleriniň biri bolan Abneriň öldürilen baradaky gürrüňi Batşeba ýadyna saldy. Gibon çeşmesiniň boýundaky söweşden soň Abner Ýogabyň dogany Asageli öldüripdi. Ýogap öz doganynyň aryny alyp, Abneri öldüripdi. Batşeba Dawudyň gaharlanandygy we onuň Abneriň ölümine aglandygy baradaky gürrüňleri ýadynda saklapdy. Ýogabyň eden ýamanlygyny Dawudyň hemmeleriň öňünde ýazgarandygyny Batşeba görüpdi. Indi Dawut üçin Batşeba ondan beter gorkýardy. Ýogap beýik we öňküsinden-de beter zalym boldy.
Uryýa bilen bilelikde beýleki esgerleri-de ölüme ibermeklik Ýogabyň oýlap tapany dälmidi? Ol Uryýanyň ölümini tebigy edip görkezmäge synanyşdy. Hakykatda Ýogap Dawudyň günäsiniň netijesini beterleşdirdi. Uryýanyň ölüminden soň Ýogabyň patyşa iberen hatynyň özi eýýäm ýöňkeme ýaly eşidilýärdi: ol Dawuda Gedeonyň ogly Abymelegiň diwardan bir aýalyň taşlan degirmen daşynyň bölegi bilen öldürilendigini ýatladypdy. Batşeba özüne Ýogabyň ýöňkeýji barmagy bilen görkezip, Dawudyň ýykylmagynyň sebäbiniň şu aýal boljakdygyny aýdýandygyny bilýärdi.
Dawudyň hatda muny islemeýändigine seretmezden, Ýogap onuň üçin howp bolup durýardy.
Dawudyň adamlarynyň, onuň hususy maşgalasynyň içinden ýene näçe adam oňa garşy çykar? Patyşany ýykmaklyk üçin näçe gizlin dildüwüşmeler gurnalyp, näçe duşmanlar oňa duzak gurarlar? Natan patyşa duýdurypdy.
Köşkde oňat we erbet niýetlerden doly bolan duşmançylykly ýagdaý höküm sürýärdi. Dawudyň aýallarynyň öz ogullaryny tagta eýe bolmaklyga yrýandyklaryny Batşeba görýärdi. Olar öz perzentleri üçin ygtyýarlygy küýseýärdiler. Dawudyň Batşeba bolan söýgüsinde olar öz niýetleriniň duşmanyny görýärdiler. Dawudyň ogullary tekepbir, gopbamsy adamlar bolup ulaldylar we olary terbiýelemek üçin Dawut hiç zat etmedi.
Batşeba özüniň babasyndan hemmesinden-de beter gorkýardy. Batşeba uruşjaň adamlaryň arasynda ulalypdy. Ahytopeliň odunyň boýunda gürrüňleşýän erkeklere gulak asyp, Batşeba kakasynyň duşmanlar we tarapdarlar barada aýdanlaryny eşidipdi. Belki-de, onuň babasy özüni Dawudy bagyşlan ýaly alyp baryp, hakykatda bolsa, ar almak üçin taýýarlyk görýändir? Özi bilen Dawudyň onuň öýüne getiren masgaralygy Ahytopeliň bagyşlap, ýadyndan çykarandygyna Batşeba ynanyp bilermidi? Onuň babasy söweş tärlerini gaty gowy bilýän adamdy. Ol patyşany nädip agdarmalydygyny bilýärdi.
Batşeba Dawuda özüniň howsalalyklary barada aýdanda, Dawut ony köşeşdirdi.
— Men Ahytopel bilen gürleşdim. Ol maňa wepaly bolmaklyga ant içdi. Galyberse-de, meniň söýgülim, men oňa Ahynogam üçin beren tölegimden-de iki esse köp sowgatlar berdim. Şonuň üçin aýalyň düşünmäge ukyply däl zatlary barada içiňi gysdyrma.
Dawudyň Ahytopeli ähli adamlaryndan-da ýokary tutýandygyny we Batşeba bolsa, birinji aýala goýulýan hormaty goýýandygyny babasyna aýtjak bolandygyna Batşeba düşündi. Emma sowgatlara bolsa, töleg hökmünde seretse bolardy, Ahytopel bolsa hemişe-de barlyşyksyz adamdy. Adam ýüreginde ýigrenç edil tokaýyň ýangyny ýaly ýanyp bilýändir we onuň oduny hiç bir sowgat hem söndürip bilýän däldir. Emma Batşeba aýdanlarynyň ýekejesi-de babasynyň harby maslahatlaryna seresaplyk bilen seretmekligine Dawudy yryp bilmedi. Dawut Ahytopelde duşman görmeklikden ýüz dönderýärdi.
Ilkinji gezek Dawut bilen Batşeba jedelleşdiler we ilkinji gezek Dawut daňa çenli ondan aýryldy. Indiki gezekki duşuşygynda ol Batşeba hiç zat barada gürrüň bermedi.
Haçanda Batşeba Dawudyň Benýamyn tiresinden bolan bir baý täjiriň ýaşajyk gyzyny aýallyga alandygyny eşideninde, Batşebada özüniň satylandygy baradaky duýgy peýda boldy. Gözýaşlary bilen Batşeba Hudaýyň öňünde dyza çöküp, doga etdi. Ol öz ýagdaýy barada ençeme sagatlap oýlandy we ahyrynda ýene-de özüni çaga ýaly alyp barýandygyna düşündi. Dawut
Geljekde Dawut ýene bir aýal we bir gyrnak alar. Şonuň üçin her gezek patyşanyň gözleriniň başga bir aýala gönükdirileninde, kesip barýan agyry bilen ýaşamaklyga Batşeba öwrenişmelidir. Haçanda Dawudyň ýaş aýalyny köşgüň aýallar otagyna getirenlerinde, Batşeba gabanjaňlygyny ýeňip, özüniň garşy alynmagyny isleýşi ýaly ony garşy aldy.
Şeýdip, gaýgy görüp we özgerip, Batşeba ruhda ösýärdi. Ol ýaşlykdan Dawudy söýýärdi. Ol ony kämil hasaplapdy. Emma indi Dawudyň hudaý däldigine düşündi. Ol ýönekeý adamdy we soňabaka diňe Hudaýyň rehimi bilen aýratyn adam boldy. Dawut beýik ýeňişleri gazanmaklyga we şol bir wagtyň özünde elhenç ýalňyşlyklary-da goýbermäge ukyplydy. Batşeba bolan höwesi ony tas heläk etmänmidi näme? Batşebanyň gowşaklygy bolsa, tas onuň özüni-de heläkläpdi. Eger Dawut ölen bolsady, onda Batşeba we onuň ogly Ahytopel bilen Ýogaba meňzeş adamlara doly bagly bolup galardylar, Dawudyň ogullarynyň arasynda bolsa, tagt üstünde gozgalaň turardy.
Özüni gorky gabanynda, Batşeba pikirinde Hudaýa ýüzlenerdi we özi üçin Hudaýyň eýýäm edenlerini ýatlap, köşeşerdi. Ol ogluna äriniň mezmurlaryny aýdardy we Dawudyň öz mezmurlarynda aýdýan Hudaýyň berýän wadalaryny ýatlap, rahatlanardy. Her gezek Batşeba şeýle edeninde, onuň ýüregi parahatlyk bilen dolardy. Hudaý onuň goragçysy we halasgäridi. Dawut däl-de, hut Hudaýyň özi oňa teselli bererdi. Dawut Batşebanyň sežde edýän Hudaýy däl-de, bary-ýogy onuň söýgüli adamydy.
Batşeba äriniň kemçiliklerini we gowşaklyklaryny bilýärdi, emma bu Batşebanyň göz öňünde ony hiç-de kemsitmeýärdi. Gaty geň, ýöne Batşeba Dawudyň kemçilikleri üçin ony öňküsinden-de güýçli söýýärdi. Gaýgylaryň iki ýyly Batşeba hakykaty açdy. Ygtyýar Hudaýyň elindedir! Şonuň üçin Batşeba her gün dyza çöküp, doga ederdi; her gün daňdan ol oýanyp, ilki bilen Hudaýyň patalary üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň dogry ýoly görkezmekligini dileýärdi. Hudaýyň Dawudy gorap, oňa akyldarlyk bermekligi barada Batşeba hemişe dileg ederdi. Her gezek Dawudyň jemgyýetinde bolanynda, ony köşeşdirip, keýpini götereri ýaly Batşeba elinden gelenini ederdi. Ol iňre aýalyň yzy üzülmän akýan damjalardan hem beterdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Dawudyň ähli mätäçliklerini, hatda özüniň boýun almadyk mätäçliklerini-de kanagatlandyrardy.
Batşeba indi kellesi boş hyýallardan doldurylan çaga däldi, ol indi kynçylyklardan we gaýgylardan geçen tejribeli aýaldy. Ol käte-käte Natandan maslahat sorap, onuň bilen gürrüňleşerdi, çünki Hudaýyň oňa akyldarlyk berendigini bilýärdi. Dawut bilen bile ýatyp ýatmandygynyň, onuň başga aýal bilendiginiň indi parhy ýokdy, Batşeba hemişe Hudaýyň beren her gününe minnetdarlyk bildirerdi.
Dawut her gezek köşgüne ýene bir aýaly ýa-da gyrnagy getirende, Batşeba gaýgylanardy. Batşeba ondan kämil söýgä garaşmazlyga öwrenişipdi, çünki bu garaşmalar onuň gaýgylaryny diňe köpeldýärdiler. Batşeba öz duýgularyna orun bermän, söýgi çeşmesini ýadyna salardy. Ol azaşyp ýörän Dawuda üns bermän, Hudaý barada we Onuň öz halkyna bolan wepalylygy barada ýatlardy. Onuň äri henizem Batşebany höweslendirýärdi we ol ýekeligi we Dawudyň başga aýallar bilen bolýandygyny agyry bilen başyndan geçirýärdi. Emma Batşeba indi umytsyzlygy duýmaýardy. Ysraýylyň Hudaýy Reb oňa Öz söýgüsini, wepalylygyny, bagyşlanmagyny we rahatlygyny beripdi. Nobatdaky gezek Dawut Batşebanyň göwnüne degende, ol kömek üçin Hudaýa ýüzlendi. Hudaý onuň dilänini berdi, çünki Onuň söýgüsi kämildir.
— Reb meniň Çopanymdyr, — diýip, Batşeba Süleýmana pyşyrdady. — Men hiç bir zada mätäçlik çekmerin. Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar, siňňin akýan suwlaryň boýuna äkidýär. Janymy täzeleýär we Öz adynyň hatyrasyna meni dogrulyk ýodalaryna rowana edýär. Men ölüm kölegesinden ýöresem-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, Seniň taýagyň maňa göwünlik berýär. Sen duşmanlarymyň gözüniň alnynda maňa saçak ýazýarsyň; başymy ýag bilen mesh edýärsiň. Meniň käsäm pürepür, — Batşeba ogluny ogşady. — Ömrümiň bütin günlerinde ýagşylyk, merhemet meniň yzyma düşer, ömür baky Rebbiň öýünde mesgen tutaryn.
Dawut ýanyna Batşebany beýleki aýallaryndan we gyrnaklaryndan ýygy-ýygy çagyrýardy. Her gezek ol özüniň Batşeba söýýändigini aýdardy we onuň sözleriniň çyndygyny Batşeba bilýärdi. Şeýle-de, Hudaýa ýakymly durmuş alyp barmaklygyň we Onuň ýollaryndan ýöremekligiň Dawudyň iň uly arzuwydygyny hem Batşeba bilýärdi; Dawudyň bulary başaryp bilmeýänligi zerarly käte-käte onuň ruhdan düşýändigini Batşeba bilýärdi. Ol ärinden tapawutlanýardymy näme? Näçe Hudaýa ýakymly durmuş alyp barasy gelse, şonça-da Batşeba özüniň kemçiliklerini bilýärdi. Onda näme üçin ertirden agşama çenli gurbanlyk otlary ýanýardy?
Dawudyň Batşebany ýanyna cagyran agşamlarynyň birinde, Batşeba onuň gujagynda dynç alyp, ony diňleýärdi.
— Eger köşgüň tamynda duran günüm men Hudaýa ýüregimi açan bolsam, onda Ol maňa nähili kömek ederdikä diýip, öz-özümden käte-käte soraýarýn. Seniň suwa düşünýändigiňi görenimde özüm işe girişmän, Oňa doga eden bolsam, Ol näme ederdi? — diýip, Dawut aýalynyň kellesini sypalap aýtdy.
Batşeba gözlerini ýumdy. Özüniň agyr günäsine seretmezden, Hudaýyň beren patalary barada oýlanyp, eger Hudaýa wepaly we gulak asyjy bolup galanda Onuň niýetiniň nädip amala aşjakdygyny Batşeba göz öňüne getirip bilmedi. Eger Dawut onuň suwa düşýändigini hiç haçan-da görmedik bolsa, onda näme bolardy? Eger patyşa ony çagyrmadyk bolsa, ol hem Uryýa wepaly galan bolsa, näme bolardy? Ýöne Hudaýyň jezasyny başyndan geçirip, Batşeba özüniň durmuşyny üýtgeden aklanmanyň we ruhy taýdan täzeden aýaga galmanyň nämedigini bilmezdi. Galyberse-de, indi ol Hudaýyň rehiminiň nähili beýikdigine şübhesiz düşündi we Batşeba Hudaýyň rehimliligi üçin gaty minnetdardy. Onuň durmuşy we erki darganynda, ynamy ösüp başlady.
Hudaý-da ony bagyşlady.
Dawudyň Batşebany söýýändigini hemmeler hem bilýärdiler, çünki ol oňa edil birinji aýalyna bolşy ýaly hormat bilen gatnaşyk edýärdi. Ol özüniň Batşeba bolan oňat gatnaşygy zerarly köşkdäki döreýän kynçylyklary görmeýän ýalydy. Erkekler we aýallar deň hatarda Batşebanyň täsirinden gorkýardylar we Dawudyň ünsi üçin göreşýärdiler. Patyşa ähli ogullaryna guwanýardy, aýratyn-da Abşalom üçin, emma edil kakasy ýaly Hudaýy söýýän Süleýmana bolsa, ol has-da aýratyn seredýän ýalydy. Beýle gatnaşygyň howpludygyny Batşeba bilýärdi. Ol hemişe-de oýady.
Batşebany Hudaý patalamagyny dowam etdirýärdi we ol Dawuda Şimega atly üçünji ogluny, Şobap atly dördünji ogluny we Natan atly bäşinji ogluny dogrup berdi. Dawudyň beýleki aýallary Batşeba sabyrlylyk bilen gatnaşyk edýärdiler, çünki olaryň hiç birleri-de Mikalyň ykbalyny paýlaşasy gelenokdy. (Mikal kowlupdy we ol hiç haçan çagaly bolmaklykdan mahrum edilip, doganynyň çagalaryna seredýärdi.)
Ýöne käbir aýallar öç almaklyga synanyşýardylar. Ahynogam we Magaka öz ogullarynyň ýüreklerinde şübhelenmeklik tohumyny ekýärdiler we maşgalada jenjel turuzýardylar. Olar ýaş ýigitleri gopbamsy, tekepbir we şöhratparaz edip terbiýeleýärdiler we olara kanuny öwretmeýärdiler.
Özüni gurşanlaryň arasyndan Batşeba diňe saýlananlara, ýagny Dawuda, Abygaýyla, özüniň hyzmatkärine we onuň hatyrasyna bäşinji ogluna adyny dakan Natana ynanýardy. Pygamber onuň dosty we maslahtçysy boldy.
Batşeba çagalaryny terbiýelemek bilen dolulygyna başagaýdy. Onuň boş sözlere hem-de köşkdäki aýallaryň gybatlaryna sarp ederi ýaly, şeýle-de Dawudyň beýleki ogullarynyň ulumsylykly hereketlerine üns bereri ýaly wagty ýokdy. Batşeba özüniň borjuny anyk bilýärdi: öz çagalaryny Hudaýyň adamlary edip ulaltmak. Dawudyň özüni nähili alyp barmalydygyny Batşeba öwredip bilmeýärdi we onuň patyşa hökmünde jogapkärçilikden boýun towlaýandygyny göreninde, Batşeba gaty öýkeleýärdi. Her ýyl Dawut borçlarynyň bir bölegini beýleki adamlara tabşyrardy: olaryň arasynda Batşebanyň babasy Ahytopel, öz goşunlarynyň ýolbaşçysy Ýogap, uly ogullary Amnon we Abşalom bardylar. Dawudyň özi bolsa ýüregini Hudaýa açyp, wagtynyň aglabasyny ajaýyp öwgi we doga mezmurlaryna, Hudaý üçin beýik ybadathana gurluşyga taýýarlyga sarp edýärdi. Bularyň bary gowy, emma Ysraýyl barada kim alada eder? Dawuda mätäç bolan halk näme etmeli? Dawudy özleriniň patyşasy hasaplanlar näme etmelidirler?
Dawut möwç urup barýan tupany görmeýärdi.
Natan Batşebany geljekki betbagtçylyklar barada duýdurdy. Ol pygamberiň aýdanlaryna üns berip, töwereginde bolýanlara syn edýärdi. Bir günäniň yzyndan ikinjisi peýda bolýar. Birinji daş birnäçe ýyl mundan ozal gaçypdy, indi bolsa harsaň ýakynlaşýardy. Batşeba ogullaryny öz ýanynda saklaýardy; olar bilen gezende ýa-da otagynda oturanda ol olara Hudaý barada gürrüň bererdi. Gije ýatyranda bolsa, ol olara dünýäniň ýaradylyşy barada, sil barada, atalar barada, müsür gulçulygy barada we Hudaýyň öz halkyny azat edişi barada gürrüň bererdi.
— Hudaýy ýatda saklaň, — diýip, ol hemişe çagalaryna aýdardy.
Özleriniň ejeleri baradaky adamlaryň köre-kör pikirleri bilen ogullarynyň duşjakdyklaryny Batşeba bilýärdi. Haçanda olar gaty ýakymsyz soraglary berenlerinde, Batşeba olara ýüreginden ah çekip dogruçyllyk bilen jogap bererdi.
— Hawa, siziň kakaňyz we men zyna günäsini etdik. Hawa, men zerarly adamlar öldüler.
Hawa, birwagtlar Batşeba ylalaşyga giripdi, emma şondan soň ol muňa ýol berip bilmezdi. Batşeba ogullaryna toba barada, jogapkärlik barada, ten höwesleriniň netijeleri barada we toba eden adamy goldamaklyga Hudaýyň güýçlüdigi barada gürrüň bermeklige her bir mümkinçiligi ulanýardy. Batşeba özüne Hudaýyň nähili rehimdardygy hakynda kän gürrüň bererdi.
— Haçan bolsa-da, bir wagt günä etseňiz, siz hökman günä edersiňiz, hökman toba ediň. Ýamanlykdan çet durup, Hudaýy gözläň. Eger siz şeýle etseňiz, onda Hudaý sizi bagyşlar.
— Hudaý size dogry ýol görkezer.
Batşeba ogullaryna gaýgyly ýylgyrdy.
— Ol sizi bagyşlar, emma günäňiziň netijesini aýyrmaz.
— Näme üçin?
— Biz boýun bolmaklygy öwrenmelidiris.
Natan onuň ogullaryna Hudaýyň kanunlaryny öwretjekdigini aýdanda, Batşeba minnetdarlyk bilen bu mümkinçilikden peýdalanyp, ogullaryny nesihat bilen onuň ýanyna iberdi:
— Ogullarym, bütin ýüregiňiz bilen gulak asyň.
Ýene-de Hudaý Batşeba rehim etdi. Bu gezek Ol onuň ogullaryny hileden doly bolan köşkden çykaryp, olary Özüniň saýlanan pygamberiniň ýanynda oturtdy.
* * *
Dawudyň uly ogly we tagtynyň mirasdüşeri Amnonyň öz uýasy Tamary zorlapdyr diýen habar ýaýranynda, dady-perýat köşgüň diwarlaryny sandyradýardy. Öz öýünde gyzyň hyzmat etmekligine rugsat aljak bolup, oglunyň düzen toslamasyna ynanandygyna düşünende, Dawut eşiklerini ýyrtyşdyrdy. Ýaş ýigidiň erbet niýetlerinden bihabar bolan Dawut Tamary Amnonyň ýanyna iberdi.
Jenaýaty üçin Amnonyň jezalandyrylmagyny talap edip, Tamaryň ejesi Magaka gygyrýardy. Eger zorlamanyň muzdy ölüm boljak bolsa, onda nädip Dawut Magaka bilen ylalaşyp biler? Nädip ol özüniň hususy ogluny, öz mirasdüşerini jezalandyryp bilsin? Masgaralanan Tamar köçede gygyrýardy, emma onuň dogany Abşalom ony gygyrmazlyga yrýardy.
Indi Dawut Magaka bu barada ýatlatdy.
— Aýal, eger Abşalom doganynyň ganyny dilemeýän bolsa, onda sen näme üçin muny dileýärsiň? Ol biziň gyzymyzy öýüne aldy-da, bu barada ýekeje-de söz aýtmaklygy oňa gadagan etdi.
— Ol seniň bir zatlar etmegiňe garaşýar!
— Eger seniň ogluň günä eden bolsa, onda sen şeýle sabyrsyzlyk bilen onuň jezalandyrylmagyny talap ederdiňmi?
— Meniň oglum hiç haçan-da günäli ýol bilen aýal almazdy! — Magaka çirkin gygyrýardy. — Hemmesinde sen günäkärsiň! Hemmesi seniň bu aýaly alanyňda başlapdy! — ony köşeşdirmek mümkin däldi. — Seniň doganyň ogly Ýonadap Amnona bu pikiri berdi we
Dawut aglady, çünki ol Magakanyň mamladygyny bilýärdi.
Dawudy söýýänler onuň kanuna laýyklykda karar kabul etmegini maslahat berdiler, emma Dawut olara gulak goýmady.
— Hususy oglumy daşlap öldürmekligi siz maňa nädip maslahat berip bilýärsiňiz? Batşebany köşge getirenimde meniň özüm hem günä etmedimmi näme? Uryýany öldürenimde meniň özüm hem günä etmänmidim? Emma Hudaý maňa rehimli boldy!
— Jenabym şa, sen toba edipdiň, Amnon bolsa...
— Meniň tenim we ganym bolan Amnona men nädip rehimsiz bolup bilerin?
— Jenabym şa...
— Men beýlekileri höküm etmek islemeýärin, çünki özüm elhenç günä etdim. Men Amnony bagyşladym we siziň hem ony bagyşlamaklaryňyzy talap edýärin!
Batşeba ýüzüni ýapyp, öz otagynda aglaýardy.
Ärini öldürip, aýalyny ogurlan atadan ogly hem kellesine gelenini etmekden başga nämä öwrensin? Başgalara ýetirýän zyýanyna seretmezden, Amnon islänini we islän wagty almaklygy öwrenipdi.
Batşeba Tamar hakda aglaýardy. Ol köşeşmeýän we gaharlanan Magaka barada aglaýardy. Ol Amnon üçin hem aglaýardy, çünki Hudaýyň ony höküm etjekdigini bilýärdi. Olar barada gaýgylanyp, Batşeba şonda-da özüne bolan ýigrenç garaýyşlary görüp, gybatlary eşiderdi. Ol adamlaryň näme barada oýlanýandyklaryny bilýärdi.
Amnondan kem gopbamsy bolmadyk Abşalomyň ümsümligi Batşebany howsala salýardy. Abşalom hatda özüniň doganyndan-da beter gopbamsydy. Ol özüniň daş-keşbiniň owadanlygyna guwanardy we çagalygyndan läliksiredilendi. Näçe ulalsa, şonça-da tawusa meňzeýärdi. Beýle adam, heý, özüniň görmegeý gyz jigisiniň zorlanmagyny bagyşlap bilermi?
Süleýman Batşebanyň birahatdygyna üns berdi.
— Ejejan, nämeden gorkýaň?
— Jenaýata gözlerini ýummaklarynyň netijesiniň nähili boljakdygyndan men gorkýaryn.
Aýlar geçdi we hiç zat bolmady. Dawut sorag çözüldi diýip oýlaýardy we bolan waka barada ýatlamaýardy. Batşeba bolsa synlamagyny dowam etdirýärdi. Ol Dawut mamladyr diýip umyt edýärdi, ýöne öz çagalaryny günäden goramaklyk üçin öňküsi ýaly elinden gelenini edýärdi. Bugdaý däneleriniň arasyndan haşal otlaryň gögermeginden ozal bir ýyl hem geçmedi.
* * *
— Abşalom meni goýun gyrkymyna çagyrdy, — diýip, bir gün agşam Batşeba bilen naharlananda Dawut aýtdy. — Ol ähli doganlaryny-da çagyrdy.
Batşeba howsalalandy, emma özüniň howsalalygy barada sesini çykarmady. Abşalom Batşebanyň ogullaryny çagyrmady, emma Batşeba muňa diýseň begenýärdi. Abşalom Batşebany ýigrenýärdi, çünki Dawut onuň ejesiniň deregine Batşebany halaýardy. Amnondan soň tagtyň eýesiniň özi bolýandygyna seretmezden, Abşalom Batşebanyň ogullarynda howpy görýärdi. Batşeba ärine ýene-de şerap guýdy.
— Sen barjakmy?
Dawut kellesini çaýkap, barmajakdygyny aýtdy we aýalynyň barmaklaryny sypalap, käsesini galdyrdy.
— Gowusy men şu ýerde galaryn. Galyberse-de, öz nökerlerim bilen meniň Abşaloma agyr ýük bolmaklygymyň geregi ýokdur. Men öz köşgümde galsam, onuň üçin oňat bolar. Ýaş ýigitlere mensiz hezil bolar. Meniň deregime Amnon barar.
Batşeba titräp gitdi.
— Ogullarymyň gitmeýändiklerine men şat.
— Näme üçin?
— Olar çagyrylmadylar.
Dawut ýüzüni çytdy-da, birsalym oýlandy. Onsoň egnini gysdy.
— Belki-de, baýramçylyk olar üçin gyzykly bolmaz diýip, Abşalom oýlanandyr, çünki seniň çagalaryň Natan bilen kän wagtlaryny geçirýärler.
Birnäçe günden soň köşk şeýle bir gykylykdyr agydan doldy welin, Batşeba sandyrap, gaty gorkdy. Dawut bilen bir betbagtçylyk bolandyr öýdüp, ol otagyndan ylgap çykdy. Gözleri gorkudan ulalan we agaran ýüzli Süleýman ejesiniň ýoluny bekledi.
— Ýaňyja habarçy gelip, gurnan baýramçylygyndaky doganlarynyň baryny Abşalomyň öldürendigini aýtdy. Ol hiç kimi-de diri galdyrmandyr.
Batşeba üşedi, kellesindäki pikirler tertipsiz hereketlenýärdiler. Eger Abşalom şeýle ädime baş goşan bolsa, onda ol indikisine-de girişer.
— Doganlaryňy tap-da, kakaň ýanynda boluň. Ondan aýrylmaň!
Abşalom tagty eýelemäge synanyşýardy we muňa ýetmekligiň ýeke-täk usuly — bu Dawuda garşy söweşe başlamakdy.
Köşk hasratdan doludy: aýallar gygyryp, gargyş okaýardylar, erkekler ýyrtylan eşiklerinde durdular, Dawud bolsa ýere ýüzün ýykylyp, aglap ýatyrdy.
Tizara patyşanyň ýanyna onuň inisi Ýonadap geldi we diňe Amnonyň öldürilendigini aýtdy. Bir-birleriniň yzlary bilen Dawudyň ogullary özleriniň gatyrlarynda öýlerine dolanyp geldiler. Içilen şerapdan soň şatlanýan Dawudyň mirasdüşerini öldürmäge Abşalom özüniň kiçi doganlaryny mejbur etdirdi we ony tä öldürýänçäler, pyçaklaryň urluşyna keýp edip seretdi diýip, oglanlar gaýtalap-gaýtalap aýdýardylar.
Abşalomyň yzyndan gitmekligi üçin Dawut birnäçe adam ýygnady, emma onuň ogly Geşura gaçyp, ejesiniň kakasy Talmaý şanyň öýünde gaçalga tapypdyr.
Baýramçylykda bolan waka barada Batşeba kän oýlanýardy. Ol babasy ýaly oýlanmaga synanyşýardy. Abşalomyň Amnony öldürmekligi üçin üç sebäp boldy: gyz jigisi üçin ar almaklyk; aç-açan kakasyna garşy çykmaklyk; özüni Ysraýyl tagtynyň mirasdüşeri diýip yglan etmeklik. Dawudyň diri galan ähli ogullary indi Abşalomdan gaty gorkýardylar. Olar Abşalomyň tagta bolan ymtylyşynda onuň neneň öç alyjy we rehimsizdigini bildiler.
Eger Dawut şol baýramçylyga baran bolsa, onda Abşalom ony-da öldürerdimikä? Elbetde, ýok, ogly kakasyny öldürmezdi!
Dawut hemişe Abşaloma garşy söz aýtjak bolýandygyny diýýärdi. Ol diýýärdi, diýýärdi... emma hiç zat edmedi.
* * *
Üç ýyl geçdi. Amnonyň ölümi bilen ylalaşyp, Dawut söweş baradaky pikirlerini goýdy, çünki Abşalomyň Geşurda goşun taýýarlamaýandygyny içalylar Dawuda ýetirdiler. Şol sebäpli hem Dawut Amnonyň öldürilmeginiň tagty eýelemeklik üçin däl-de, Tamar üçin öç alynmaklygydygy netijesine geldi. Dawudyň ähli pikirleriniň Abşalomda jemlenendigini Batşeba bilýärdi. Onuň adamsy özüniň ýoldan çykan ogluna bolan söýgüsi bilen onuň hereketlerine bolan gaharynyň arasynda bölünýärdi.
— Ogluň seniň bagyşlamagyňa garaşýar, — diýip, Ýogap patyşa aýtdy.
Ogluny öýüne kabul etmeklik üçin dürli sebäbe Dawudyň garaşýandygyny Batşeba bilýärdi. Goşunsyz we tarapdarsyz Abşalom Dawutdan şa täjini alyp bilmez, emma Batşeba oňa ynanmaýardy. Eger Dawut Abşalomyň ýokdugy üçin henizem gynanýan bolsa, we sabyrsyzlyk bilen ol barada täzeliklere garaşýan bolsa, onda Batşebanyň öz pikirlerini aýtmaklygynyň näme peýdasy bar? Ýok, häzir Batşebanyň edip biljek işi — bu Hudaýyň patalaryny gözleýän we kakasynyň duşmanlaryna garşy onuň bilen bile söweşmäge taýýar bolan ogullarynyň bardygyna Dawudy ynandyrmakdyr.
Her gezek Dawut hyzmatkärini iberip, Batşeba bilen agşamy geçirjekdigini aýtjak bolanda, Batşeba kakalary bilen bile bolmaklaryny ogullaryndan haýyş ederdi. Dawut hemişe Süleýman bilen we onuň doganlary bilen gürleşerdi. Batşeba ogullarynyň dogruçyl adamdyklaryny äriniň bilmekligini we olar bilen gürrüňdeşlikden onuň hemişe şatlyk tapmagyny isleýärdi.
* * *
Köşkde özgerişikler bolup başlady.
Aýallarynyň arasynda parahatçylygy saklajak bolup, Dawut birnäçe täze jaý gurmaklygy buýurdy. Ahynogam Amnona aglamaklygyny dowam etdirýärdi, Magaka bolsa gaty uzak wagtlap we batly ses bilen Abşalomy goraýardy welin, hatda Dawut ahyrynda onuň bilen görüşmekligini hem bes etdiripdi.
Süleýman we onuň doganlary günortan naharyndan soňky wagtlaryny käte-käte Batşeba bilen geçirerdiler. Ol ogullarynyň Natandan bilenlerini ara alyp maslahatlaşmalaryny diňlemekligi gaty halaýardy. Olar şalygyň beýleki işleri babatda-da gowy baş çykarýardylar. Batşeba köşgüň içinde ýaşap, köp zatlardan habarsyz bolanda, onuň ogullary Iýerusalimde bolup geçýän ähli wakalary bilýärdiler. Hut onuň ogullary Abşalomyň tizara Iýerusalime dolanjakdygyny aýtdylar.
— Kakaňyz ony bagyşladymy?
— Bagyşlamady, — diýip, Süleýman jogap berdi. Men kakamyň ýanyna Tekowaly dul aýalyň geleniniň ertesi güni bardym. Ol aýal öz doganyny öldüren ogluny garyndaşlarynyň talap edýändiklerini aýtdy. Bu aýal şeýle diýdi, yagny eger ol şeýle etse, onda garyndaşlary onuň ogluny öldürerler we onuň ýeke özi galar. Kakam ony goramaklyga ylalaşdy. Onsoň ol aýalyň aldandygyna düşündi.
— Aldandygyna?
— Bu aýalyň aýtmaly sözlerini Ýogap düzüpdir.
Batşeba howsalalanyp, çete çekildi. Ýene-de Ýogap. Belki-de, Ýogap patyşanyň başga zada düşünmegini isleýändir:
— Eger kakam Abşaloma syn ederi ýaly ony ýakynrakda saklasa, onda gowy bolardy, — diýip, Süleýman aýtdy.
— Hawa, — Batşeba ogluna seretdi. — Natan bilen bu barada gürleş. Hany göreliň, ol näme diýer!
Dawudyň özüniň üýtgeýän duýgularyna ýol bermezligi barada Batşeba Hudaýdan dilemek isledi. Ýogap patyşanyň kararlaryna täsir edýärdi, ýöne häzir oňa jogap bermekligiň geregi ýokdy.
Abşalomyň Iýerusalime gelýändigini aýdanlarynda, patyşa Ýogaba urgy ýetirdi.
— Goý, Abşalom öýüne dolansyn, emma meniň ýüzümi görmesin.
Ýogaby ýerinde oturtmaklyk üçin Dawut özüniň ogly bilen ýaraşmaklygyny gurban etdi.
Dawudyň gahar bilen edenini eşidende, Batşeba gaýgylandy. Abşalomyň gopbamsylygy haçan muzduny alarka? Onuň ýene-de duýdansyz urgy ýetireninde, näçe adam ölerkä? Natan arkaly aýdylan Hudaýyň Sözi şeýledi: «Dawudyň öýünden gylyç aýrylmaz».
* * *
Abşalomyň ýüregindäki tüteýän oduň daşa çykanyna deňeç iki ýyl geçdi.
— Abşalom Ýogabyň mellegini otlapdyr[10], — diýip, öz ogullary bilen gürleşýärkäler, Şobap Batşeba aýtdy.
Süleýman başyny çaýkady.
— Indi Ýogabyň kakamyzyň ýanyna gelip, doganymyz barada haýyş etmekligi diňe wagtyň soragydyr, — diýip, ol nägilelik bilen aýtdy.
— Eger siziň kakaňyz Abşalom bilen ýaraşsa, onda bu hemmeler üçin hem gowy bolar, — Batşeba maşgala jedelleriniň gutarmagyny isleýärdi.
Diri galan ogullarynyň iň ulusy bilen bolan dawa Dawudy gaýgylandyrýardy. Abşalomyň jenaýaty sebäpli halkda bölünişik döräpdi. Käbirleri Abşalomyň doganyny öldürendigini aklaýardylar, çünki Tamary zorlany üçin patyşa kanun boýunça Amnony jezalandyrmandy. Beýlekileri bolsa, patyşanyň hiç bir karar kabul etmändiginiň onuň rehimliligini aňlatman, eýsem çözgütsizliginiň alamatydygyny tassyklarýardylar. Çözgütsiz patyşa — bu duşmanlaryň hilelerine garşy durmaga ukyply bolmadyk gowşak patyşadyr, Dawutda bolsa beýle duşmanlar gaty kändi. Diňe Hudaý Dawudy gorap, ony tagtda galdyryp bilerdi.
— Beýle edeninde hiç bir oňat zat bolmaz, ejejan, — diýip, Süleýman aýtdy. — Eger ol Ýogabyň mellegini ýakmaga ýürek edip bilen bolsa, onda ol ýene nämelere ýürek eder?
— Onuň patyşa garşy çykjakdygyny aýtjak bolýaňmy?
— Açyk hereket ederi ýaly Abşalom gaty akyllydyr. Oňa tarapdarlar gerekdir. Indi Ýogap onuň tarapdary bolmaz. Emma Abşalomyň neneň tekepbirdigini sen menden gowy bilýänsiň.
Şimega güldi:
— Meniň eşidişime görä, ol her gezek saçlaryny gyrkanynda, olary ölçeýärmişin!
— Owadanlyk Abşalomy şöhratparaz adam etdi, — diýip, Batşeba ýuwaş aýtdy.
— Hemmeler onuň daş-keşbine haýran galýarlar, emma ýüregi bolsa, ýalandan doludyr. Kakam iki ýyl mundan ozal Abşalomyň öz öýünde ýaşamaklygyny buýrupdy we öz buýrugyny üýtgetmedi. Iki ýyl — bu Abşalomyň ýüreginde oduň tutaşmagy üçin ýeterli möhletdir.
Emma Batşeba parahatçylyga umyt berýän kiçijik bolsa-da, bir ýüpjagazdan ýapyşmak isledi.
— Abşalom — tagtyň mirasdüşeridir. Ol sabyrly bolmalydyr. Ajaýyp günleriň birinde özüniň hökümdarlyk etjek halkynda bölünişik döretse, ol hiç bir oňat zada eýe bolmaz.
Süleýman şatlyk bilen güldi.
— Men bary-ýogy bir gezek Abşalomyň sabyrly bolandygyny gördüm we bu onuň Amnony öldürmegi ýüregine düwen pursadyndady.
Batşeba ýerinden galdy.
— Bu barada başga gürrüň etmeris, — onuň bu gürrüňi dowam etdirmäge haly ýokdy. — Gözleriňizi açyk tutuň we ähli görüp, eşidenleriňizi maňa gürrüň bermäň.
Eger Abşalom Dawudy urşa çagyryp, ony ýeňse, onda Batşebanyň özüniň we ogullarynyň durmuşdan mahrum boljakdyklaryny Batşeba bilýärdi.
Süleýman başyny yrady. Onsoň ol aşak egildi-de, ejesiniň ýaňagyndan ogşady. Ol ýene bir zatlar aýtmak isledi, emma Batşeba onuň agzyny eli bilen ýapdy.
— Öz howsalalaryň barada Natan bilen gürleş, — diýip, ejesi aýtdy. — Hudaýdan maslahat sora.
— Bolýar, ejejan.
Ol Süleýmany we beýleki ogullaryny ogşap, garaýşy bilen olary gapa çenli ugratdy.
* * *
Dawut Ýogabyň haýyşyny diňledi-de, Abşalomyň öz öňünde peýda bolmaklygyna rugsat berdi, emma kakasynyň ogluny ogşandygy onuň bagyşlandygynyň alamaty däldi. Şondan soň gysga wagt içinde Abşalomyň edil eýýäm patyşa bolany ýaly onuň özi üçin söweş arabalary we atlary, şeýle-de elli sany çalt ýöreýän arabalary edinendigi barada Batşeba eşitdi. Ol irden turup, şäher derwezelerinde durardy we Dawudyň ýanyna öz dawalary bilen gelýänleri saklap, diňe özüniň olary diňläp, dawalaryny adalatly çözüp biljekdigini aýdyp, diňe patyşanyň başaryp biljek wadalaryny bererdi.
Abşalom Hudaýa beren wadasyny ýerine ýetirmekligi üçin kakasynyň ony Hebrona ibermekligini soranda, Dawut oňa rugsat berdi. Oglunyň hakyky niýetleri barada oýlanary ýaly Dawut öz işleri bilen gaty meşguldy.
Abşalom öz ýanyna iki ýüz myhman çagyryp, olar bilen Iýerusalimden gitdi. Hebrona baranda, ol özüni patyşa diýip yglan etdi.
— Abşalomyň saňa garşy bolan pitnesine bütin Ysraýyl goşular, — diýip, Dawuda habar berdiler.
Indi Abşalom öz kakasyny tagtdan ýykmak üçin öz goşuny bilen Iýerusalime ýola düşüpdi.
* * *
Aýallar we hyzmatkärler syýahat üçin gerek bolan zatlary ýygnaşdyryp, köşgüň içinde aýlanyşýardylar. Abşalomyň öz goşunlary bilen Iýerusalime girip ýetişmänkä, öý-içeriniň ählisiniň şäherden çykmaklaryny buýrupdy. Köşge seretmekleri üçin diňe on gyrnak galdyrylypdy.
Dawut ähli adamlary bilen maşgalasyny hem äkidende, Batşeba çagalarynyň ýekejesini-de özünden ýekeje ädim-de uzaga goýbermeýärdi. Şäherden daşa çykan patyşa alty ýüz adam goşuldy, bular Dawuda hyzmat eden keseki adamlardy. Patyşa olaryň özünden aýrylmagyny haýyş etdi, çünki olaryň bu urşa hiç hili gatnaşyklary ýokdy. Kesekileriň Dawuda wepaly boljakdyklaryna ant içip, onuň bilen bile galanlarynda, Batşeba özüni biraz ýeňil duýdy. Eger olar aman galmak isleýän bolsalar, onda Dawuda özüniň ýygnap bilen adamlarynyň ählisi gerek bolar.
Dady-perýat bilen erkekler we aýallar çöle tarap ugrap, Kidron çaýyndan geçdiler. Baş ruhany Sadok bilen ähli lewiler Hudaýyň sandygyny göterip, Dawudyň yzyna eýerýärdiler, emma Dawut bu barada bilende, olaryň Iýerusalime dolanmaklaryny buýurdy.
— Eger Hudaý halasa, onda Ol meniň dolanyp gelip, Onuň sandygyny ýene-de görmegime rugsat berer. Eger-de beýle bolmasa, onda, goý, Ol meniň bilen halanyny etsin.
Dawut aýakýalaňaç ýöräp, kellesini örtüpdi we özüniň pitneçi ogly barada gyýgyryp aglaýardy.
Dawut halky Zeýtun dagyna getireninde, onuň ýanyna eşikleri hapa we ölemen ýadaw habarçy geldi.
— Ahytopel pitneçileriň hatarynda!
Batşeba gygyrdy-da, ýere ýykyldy. Başyna tozan sepip, aglamaga başlady. Ol çaga wagtynyň söýgüli babasy, uly gyz bolanynda bolsa, onuň gülküsini, söýgüsini we maşgalasyna bolan mähirli wepalylygyny ýadyna saldy. Ahyrynda Ahytopel agtygyndan we Dawutdan ar almagy ýüregine düwüpdi. Batşeba özüne Dawudyň seredýändigini duýdy we patyşa bolan söýgüsiniň şeýle agyr netijelere getirendiginden utanyp, başyny aşak sallady.
Dawudyň gazaply gykylygyny eşidip, Batşeba kellesini eli bilen ýapdy.
— Eý Hudaý, goý, Ahytopel Abşaloma samsyk maslahat bersin!
Dawudy maslahatçylar gabadylar we ony Batşebadan daşlaşdyryp, hemmesi bilelikde gürläp başladylar. Kimdir-biriniň güýçli elleri aýaly galdyrdy we ol Süleýmanyň gyzgyn pyşyrdysyny eşitdi.
— Hudaý bizi gorar.
— Men günäkärdirin, — Batşeba sandyraýardy. — Bu meniň günämdir.
Ejesini adamlaryň garaýyşlaryndan gorap, Süleýman ony gujaklady.
— Näme sebäpden sen her bir adamyň günäsini öz üstüňe almalysyň?
Batşeba betbagtçylyga bütinleý batypdy.
— Oglum, birinji daş ençeme ýyl ozal gaçypdy, indi bolsa, bütin dag biziň üstümize gaçmaga taýyndyr!
— Her bir adamyň özi karar kabul edýändir. Ahytopeliň günäsi onuň ynsabyndadyr.
Batşeba başyny çaýkady.
— Ol seniň garry babaňdyr.
— Ysraýylda parahatçylyk bolanlygy sebäpli birnäçe ýyl mundan ozal Ahytopel hyzmatyny bes etdirmäge Dawutdan rugsat alyp, Gilo şäherine gidipdi. Indi biz onuň gitmekliginiň hakyky sebäbini bilýäris. Dönük! — Süleýman aljyraňňylyga düşdi, emma ol Batşebany goldamagyny dowam etdirýärdi. — Eger bularyň barynda bir zatlara düşünýän bolsam, ejejan, onda bu — hatda seniň bilen bir gandan bolana-da ynanmaly däldigidir.
— Sen maňa ynanyp bilersiň. Sen kakaňa ynanyp bilersiň.
— Men seni söýýärin, ejejan, ýöne sen näme edip bilýäň? Kakamy-da söýýärin, emma patyşa öz halky bilen gatnaşygy bireýýäm ýitirdi.
Süleýmanyň bu sözleri höküm edip däl-de, gaýgy bilen aýdandygy üçin Batşeba Süleýmana käýemedi. Batşeba ýene-de babasy hakda oýlandy we ýüregi sandyrady. Ahytopel özüni Dawut bilen gowy gatnaşykda ýaly alyp baryp, şu wagta çenli aldap gelen eken. Ol soňky ýyllaryň içinde Dawudy öldürmekligiň küýüne düşüpdir.
Batşeba öz pikirlerini saklamaga synanyşdy. Eger-de... eger-de... Bu barada oýlanmaklygyň näme peýdasy bar? Edileni üýtgetmeklik barada oýlanara eýýäm gaty giç. Ähli belanyň köki ençeme ýyl mundan ozal edilen zyna günäsinde jemlenendi. Bir gijäniň ýalňyşlygynyň netijesinde heläk bolanlaryň sanyny täze pidalar artdyrýardylar.
Ahytopel ar almaklygynyň meýilnamasyny oňatja oýladymyka? Öz janyny-da pida ederi ýaly ol Dawut bilen agtygyny şeýle güýçli ýigrenýärmikä? Eger ol Abşalomy tagtda oturtmagy başarsa, onda Dawut öler. Onda Batşeba hem öler. Onuň dört çowluklary-da ölüme sezewar bolarlar. Gahary we umytsyzlygy duýup, Hudaýyň Dawudyň dileglerini eşidip, «Ahytopeliň maslahatyny puja çykarmagy» barada Batşeba dileg edýärdi. Hudaýyň patasy bolmasa, hiç zat hem amala aşmaz. Nädip ýeňmelidigini Ahytopel gowy bilýärdi. Ol Dawudyň köşgündäki her bir geňeşçiden hem ökdedi. Ol hatda Dawudy onuň oglundan goraýan Ýogapdan-da ökdedi. Hawa, bu ýaňyja Dawuda garşy dildüwşik eden Ýogapdyr! Hawa, bu gopbamsy Ýogap! Hawa, bu rehimsiz şöhratparaz Ýogapdyr! Ýogap we onuň niýetleri! Soňky otuz ýylyň içinde Ýogap Dawudy nämelere baş goşdurmandy!
Batşeba Süleýmana seretdi.
— Sen we doganlaryň hemişe kakakyň ýanynda bolmalysyňyz.
— Biz hemişe-de onuň ýanyndadyrys.
— Ýok. Onuň
Iýerusalimi taşlap, Dawudyň yzyna eýeren Batşeba halk bilen bile ýöräp barşyna, Engedidäki kakasynyň odunyň boýundaky gürrüňleri ýadyna saldy.
Pata bermez.
Babasynyň Dawudyň öýüne bolan isleginiň iň soňkysy — bu Hudaýyň patasydy. Ogluny kakasyna garşy edip, masgaralanan abraýy üçin ar almaklyk Ahytopeliň oýlap tapanlarynyň iň oňadymyka? Özüniň gopbamsylygy zerarly Ahytopel halky heläk eder. Hemme adamlar hem bagyşlap bilmän, ýamanlyga ymtylýarmykalar? Ahytopeliň agtygyny we Dawudy hiç haçan bagyşlamajakdygyny ejesi birnäçe ýyl ozal duýdurypdy. Babasy üýtgär diýip umyt edip, doga ederdi. Indi Batşeba aglaýardy, çünki ol babasynyň bagyşlan ýaly özüni alyp barandygyny indi gördi. Dawudy yzarla, ony öldürmekligini Ahytopeliň Abşaloma maslahat berjekdigini Batşeba bilýärdi. Eger Abşalom muny amala aşyryp biläýse, onda Dawudyň oglunyň şalygy näletli bolar. Çünki atasyny öldürmeklik bilen gurlan şalykda halk nädip gülläp biler? Dawudyň şalygy ýykylar.
Wakalaryň nähili boljakdygyna seretmezden, Batşebanyň söýenleriniň biri öldürilmeli bolar.
—
* * *
Dawut Bahuryma gelende, Şawulyň neslinden Şimegeý diýen biri ol şäherden çykyp, Dawudy näletlemäge başlady. Ol Dawudyň ýanyndan ýöräp, ýerden eline daş alyp, olary patyşa we onuň hyzmatkärlerine oklaýardy we olara tarap masgaralaýjy sözleri gygyrýardy.
— Bu ýerden aýagyňy çek, ganhor! — diýip, Şimegeý gazaply gygyrýardy. — Sen nejis! Şawulyň we onuň maşgalasynyň ölümi üçin Hudaý saňa jeza berýär. Sen onuň tagtyny eýelediň we Hudaý ony ogluň Abşaloma berýär. Ahyrynda sen, ganhor, öz ýamanlyklaryň üçin jogap berersiň!
Abyşaý gylyjyny çykardy.
— Bu itiň maslygy näme üçin jenabym şany gargaýar? Ygtyýar ediň we men onuň kellesini alaýyn!
Dawut gaharyndan we umytsyzlygyndan gygyrdy.
— Ýok! Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl! Eger Hudaý onuň meni gargamaklygyna rugsat beren bolsa, onda onuň sesini bes etdirer ýaly men kimmişim? — Dawut aglap, gygyrdy:
— Meniň hususy oglum meni öldürmek isleýär. Şawulyň bu garyndaşynda meniň oglumdan-da kän esas ýokmudyr ahyryn? Goýuň, ol gargabersin, Hudaý oňa emr edipdir. Belki-de, Hudaý meniň kemsidilendigime üns berer we bu gargyş üçin maňa rehimi geler.
Şimegeýiň her sözünde titräp, Dawut ýoluny dowam etdirdi. Ol daşlaryň urgularyny hem duýýardy we benýamynlynyň atýan tozanlaryndan dem alýardy.
Adam ýadap, ýollaryny dowam etdirip bilmänlerinde, Dawut düşelge gurmaklygy buýurdy. Ol elinden gelenini etdi. Ol özüniň geňeşçileriniň biri bolan Huşaýy Iýerusalime iberip, onuň özüni edil Abşalomyň wepaly adamy ýaly alyp barmaklygyny oňa buýurdy. Ahytopeliň maslahatlarynyň amala aşmaklaryna päsgel bermekligini Dawut Huşaýa buýurdy. Şeýle-de, Dawut Huşaýyň öňünden onuň habarçylary bolarlary ýaly ruhany Sadok bilen ogullaryny hem Iýerusalime iberdi. Eger halas bolar ýaly nähilidir bir ýol bar bolsa, onda Huşaý bu barada Dawuda habar berer. Hemmesi-de Hudaýyň elindedir. Işiň netijesi Hudaýyň erkine baglydyr.
Dawut kellesinden täjini çykaryp, ony elinde tutdy.
— Eý Taňrym, meniň dogamy eşit, — diýip, ol pyşyrdady. — Meniň dilegimden gizlenme. Maňa gulak goý-da, meni diňle. Öz gaýgymda iňňildeýärin, çünki bir zamanlar eden günäm üçin meni yzarlaýarlar. Ýüregim sandyraýar, — Dawut gözlerini ýumup, täjini güýçli gysgy. — Hudaýym, meni we meniň söýýänlerimiň ählisini ölüm hasraty eýeledi. Gorky we titreme meni gaplady. Kepderiňki ýaly ganatlary kim maňa bererkä? Şonda men uçup giderdim, — diýip, Dawut zordan demini aldy. — Hudaý! Ahytopeliň maslahatyny puja çykar». Ähli ýyllaryň içinde men ony dostum hasaplapdym, ol bolsa maňa garşy duzak gurýan eken, — diýip, Dawut bir eli bilen kellesini tutdy, beýlekisi bilen bolsa, täjini berk gysdy. — Ahytopel. Meniň dostum. Meniň ýoldaşym. Çölde sergezdan bolanymyzda, biz ikimiz çörek paýlaşypdyk, — diýip, Dawut dişlerini gyjatdy. — Bu ýyllaryň içinde onuň sözleri ýagdan-da mylaýymdy, ýüreginde bolsa ýigrenç. Ol parahatlyk barada diýerdi, arkasynda bolsa gylyç tutup durdy. Ol meniň oglumyň şöhratparazlygyny öjükdirip, ony maňa garşy aýaga galdyrdy. Dawut gaharyndan gyzardy. — Eý Taňrym, olary ölüm çukuryna at. Olar diriligine döwzaha düşsünler!
Dawut ýuwaşlyk bilen demini alyp, özüni dürsemäge synanyşdy. Adamlara edermenlik bereri ýaly ol ýuwaş bolmalydyr. Ol oýlanmalydyr. Ol akylly hereket etmelidir.
Adam oýlaýandyr, emma amala aşyrýan Hudaýdyr.
Uludan demini alyp, Dawut ýerinden turdy.
— Taňrym, men saňa umyt ederin. Men saňa bil baglaryn. Baryny öz erkiň boýunça amala aşyr.
* * *
Huşaý Sadoka habar ýetirdi, Sadok bolsa bu habary Dawuda ýetirmekleri üçin ogullaryny iberdi.
— Çaltlyk bilen Iordandan geçiň! Sizi basyp alyp, öldürmeklik üçin Abşalomyň haýal etmän yzarlamaga başlamaklygyny Ahytopel maslahat berýär. Duşmanlaryň sizi tutup bilmezlikleri üçin çölde saklanman, Iordan derýasyndan geçmekleriňizi Huşaý maslahat berýär!
Birnäçe ýyl mundan ozal aýdylan Natanyň pygamberligini ýatladýan beýleki gaýgyly habarlar hem bardy.
— Ahytopeliň maslahatyna eýerip, Abşalom seniň gyrnaklaryňy aldy we olary köşgüň tamyna çykaryp, bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda olar bilen ýatyp turdy.
Dawut özüniň saçlarynyň syh-syh bolandyklaryny duýdy. Ol Ahytopeliň ýigrençden üýtgän ýüzüni göz öňüne getirip, onuň kellesindäki pikirlerini-de okap bilýärdi:
Dawut halky turuzdy we olar Mahanaýyma tarap gitdiler. Mahanaýyma gelenlerinde, ammanlaryň Rabbat şäherinden bir adam Dawut bilen onuň ýanyndaky jemagata ýorgan-düşek, iýmit üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, merjimek, bal, mesge, goýun eti, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Dawudyň adamlary iýip-içip, dynçlaryny aldylar.
Dawut adamlaryny sanady. Olaryň üstlerinden müňbaşylary we ýüzbaşylary belledi. Goşunlaryny üçe bölüp, birini Ýogabyň, ikinjisini Abyşaýyň, üçünjisini bolsa gatly Itaýyň ýolbaşçylygynda iberdi. Onsoň agyr ýürek bilen Dawut öz ogluna garşy söweşe taýýarlandy.
Esgerler özleri bilen patyşanyň hem söweşmekligine garşy çykdylar.
— Sen söweşmeli dälsiň. Eger biz gaçmaly bolsak-da, hatda ýarymyz öldürilsek-de, bu Abşalom üçin hiç zady hem aňladýan däldir, ol diňe seni gözlejekdir. Sen biziň ýalylaryň on müňüne barabarsyň we sen şu ýerde, ýagny şäherde galyp, bize gerek pursadynda kömek iberseň gowy bolar.
Dawut gulak asyp, ýene-de bir gezek öz borçlaryndan elini çekdi.
— Eger siziň pikiriňizçe, bu iň oňady bolýan bolsa, onda men galaryn, — diýip, Dawut öz goşunynyň öňünde durup, Ýogaba, Abyşaýa we Itaýa buýruk berdi:
— Meniň hatyrama Abşalomy öldürmäň.
Öz ýanyndan geçip, esgerleriň söweşe gidenlerinde, Dawut derwezeleriň alnynda durdy.
Beýlekileriň onuň üçin söweşenlerinde, Dawut ýene-de şäherde galdy. Ýöne bu gezek ol öz hususy ygtyýary boýunça däl-de, halkyň erki boýunça hereket etdi.
* * *
Diňden garawulyň sesi geldi.
— Çapar gelýär!
Dawut uly ädimleri bilen derwezelere ýakynlaşdy.
— Eger onuň ýeke özi bolsa, onda ol täzelik getirýändir, — diýip, ol pyşyrdady.
Garawulyň birinji çaparyň yzyndan ylgaýan ýene-de bir çapary görýändigini gygyranynda, Dawudyň ýüregi gorkudan doldy.
— Birinjisi Sadokyň ogly Ahymagasa meňzeýär! — diýip, garawul gygyrdy.
Dawut ellerini çaltlyk bilen gysýardy:
— Bu oňat adam we ol oňat habarlar bilen gelýändir.
Heniz derwezelere ýakynlaşman, Ahymagas öz habaryny aýtdy:
— Parahatlyk!
Oglanyň öňünde dyzyna ýykylyp, ýüzüni ýere çenli aşak egeninde, Dawudyň ýüregi şatlykdan bökjekledi.
— Seniň Hudaýyň Taňra alkyş bolsun, — diýip, habarçy zordan demini alyp aýtdy, — jenabym patyşa elini göteren adamlary seniň eliňe beren Hudaýa alkyş bolsun.
— Abşalom nähili? Onuň jany sagmy?
Ahymagas kellesini galdyrdy we onuň ýüzi geň galmany aňlatdy. Gözlerini gypyp, ol ýene-de başyny sallady.
— Ýogap meni seniň ýanyňa ibereninde, men uly tolgunmany gördüm. Emma ol ýerde näme bolandygyny men bilmeýärin.
Näme üçin Ahymagas ýüzüni gizleýär? Dawudyň ýüregi öňküsinden-de beter urup başlady. Garawul ýene-de gygyrdy we Dawut kellesini galdyrdy.
Olara tarap ylgap gelýän ikinji çapar Huşaýdy.
— Şu ýerde garaş, — diýip, Dawut Ahymagasa aýtdy.
Demini zordan alýan we tozan bilen örtülen Huşaý patyşanyň alnynda saklandy.
— Jenabym şa, men saňa oňat habarlar getirdim. Hudaý seni garşyňa çykan ähli duşmanlaryňdan azat etdi.
— Abşalom nähili? Onuň jany sagmy? — diýip, Dawut ýene-de sorady.
Huşaýyň gözleri ulaldy.
— Oglanyň güni seniň häzirki we geljekki duşmanlaryň barysynyň başlaryna düşsün!
Dawut baryna düşündi.
— Oglum! Meniň oglum öldi! — diýip, Dawut gaýgydan tukat bolup gygyrdy. — Oglum Abşalom! Oglum, meniň oglum Abşalom! Wah, seniň deregiňe men ölsedim! Wah Abşalom, oglum, oglum!
Dawut büdräp, derwezeleriň üstündäki daglyga galdy we gaýga batdy.
* * *
Otagynyň gapysy açylanynda, Dawut ýerinden turmady. Tä Ýogabyň gazaply sesi gelýänçä, ol kellesini galdyrmady.
— Biz seniň janyňy, seniň ogullaryň, gyzlaryň, aýallaryň we gyrnaklaryň janlaryny halas etdik! — Ýogabyň ýüzi gyzardy we ol eli bilen gylyjyny gysdy. — Sen bolsa özüňi edil biziň erbet iş edenimiz ýaly alyp barýaň we gullaryňy-da utandyrdyň. Sen özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri bolsa, ýigrenýän bolsaň gerek. Bizi sylamaýandygyňy sen şu gün anyk görkezdiň. Eger Abşalom diri galyp, biziň barymyz ölen bolsak, seniň üçin bu ýakymly bolardy!
Abşalomyň ölüminde günäkär bolan we oňa begenýän adamyň gözlerine Dawut ýigrenç bilen seretdi.
— Ol meniň oglum we mirasdüşerimdi!
Şaýatlaryň öňünde oglunyň diri galdyrylmagyny Dawut Ýogaba buýurmandymy? Ýogap hemişe baryny özüniň islegine görä edýärdi we beýlekileriň pikirlerine üns bermeýärdi. Ol özüniň dogry ýa-da nädogry edýändigi barada oýlanmaýardy. Ol gaty tekepbir adamdy.
Ýogabyň ýanyp barýan gözlerinde Dawut ölümi gördi.
—
Dawut gazapdan doldy. Ol sandyraýardy we bu adama topulmaklyk islegini ýeňmeklik üçin özüni ele almaga synanyşdy. Eger ol Ýogabyň aýdyşy ýaly etmese, onda bu onuň şalygy üçin nähili hetije berer? Dawut özüniň goşunbaşysynyň gözlerine seretdi we eger ýerinden turmasa, onda Ýogaş ony urardy, çünki esger özüniň gaharyny we ýigrenjini gizlemäge-de synanyşmady.
Dawut ýerinden turup, çykalga tarap ugrukdy. Ol Ýogabyň alnynda durup, onuň gözlerine üns berip seretdi.
— Seniň mellegiňi ýakandygy üçin sen Abşalomy öldürdiňmi?
Ýogabyň ýüzi gyşardy, ol Dawuda gahar bilen seredip, sesini çykarman durdy. Hatda bu şeýle bolmanynda-da, Ýogap patyşanyň diýenini etmezdi.
Indi özüniň hiç zat edip bilmejekdigine Dawut düşündi. Häzirlikçe hiç zat edip bilmez. Ýene-de Ýogap goşuny ýeňşe getireninde, patyşa şäherde galypdy. Ýogap yza çekilip, başyny aşak sallady. Onuň gözleri tegeleklenen ýylanyň gözleri ýalydy.
Dawut özüniň ýykylmaklygyna sebäp bermedi. Ol gaharyny we gaýgylaryny saklap, daşa çykdy-da, derwezeleriň alnynda oturdy. Esgerler Dawudy görmek üçin birin-birin geldiler we şalyk üçin görkezen gahrymanlyklary üçin patyşa olaryň her birine minnetdarlyk bildirdi.
Onsoň Dawut öz maşgalasy bilen Iýerusalime dolandy.
* * *
Batşeba öz otagynda garaşyp oturdy. Abşalomyň ölüminde Dawut ony günäkärlemezmi? Dawudy öldürip, onuň tagtyny eýelemek baradaky gozgalaňy onuň babasy hem goldapdy. Dawut indi Batşebany günäkärlemezmikä?
Günler geçdi, emma Batşeba öňküsi ýaly patyşany görmeýärdi. Beýleki aýallaryny-da Dawut çagyrmaýardy.
Bir gezek onuň otagynyň gapysy açyldy we hiç bir duýduryşsyz patyşa içerik girdi. Batşeba ýerinden turdy we aljyraňňylyga düşdi. Batşeba arryklapdy we onuň daş-keşbinde gaýgy yzlary galypdy: ýüzünde ýygyrtmalar peýda bolupdy, saçlary-da agaryp başlapdy. Ol Dawuda tarap birnäçe ädim ätdi-de, dyzyna çöküp, başyny aşak egdi.
— Dawut, men seniň öňüňde günäkärdirin! — diýdi-de, aglama başlady.
Patyşa elini mähir bilen onuň kellesine goýdy.
— Ahytopeliň edeni üçin men seni günäkärlemeýän.
Batşeba kellesini galdyryp, äriniň gözlerine seretdi. Özüni Dawudyň öňküsi ýaly häzir hem söýýändigini göreninde, Batşeba haýran galdy.
— Eý Dawut, — diýip, Batşeba ýüzlendi.
Dawut onuň ýanynda oturyp, aýalyny gujaklady. Ol Batşebany özüne berk gysdy. Batşeba bolsa kellesini onuň döşüne goýdy we boýnunda onuň ogşamalaryny duýdy.
— Mende seniň üçin täzelik bar, — diýip, Dawut pyşyrdady we onuň elleri Batşebany öňküsinden-de güýçli gysdy. — Abşalom garaşman, Huşaýyň maslahatyna eýerende, Ahytopel öýüne gidip, özüni dardan asypdyr.
Batşeba bütin teni bilen sandyrady. Hudaý onuň dogalaryny eşidip, olara jogap berdi.
Dawut ýaňagyny Batşebanyň ýaňagyna degrip, ony ogşady. Batşeba gaty tolgundy we dere batdy. Ol äriniň ýüreginiň nädip çaltlyk bilen urýandygyny eşidýärdi.
— Tagtyň mirasdüşeri Süleýman bolar diýip men karar kabul etdim, — Batşeba bada-bat Dawutdan aýrylyp, gorky bilen oňa seretdi. Dawut onuň gözlerine üns berip seretdi. — Men şeýle çözdüm. Näme üçindigini sen bilmek isleýäňmi? Beýleki aýallarym çagalaryny şöhratparaz we ygtyýarlygy küýseýänler edip terbiýelediler, — Batşeba Dawudyň gözlerinde gaýgyny gördi. — Batşeba, seniň ogluň täç geýjekdigine men wada berýän.
— Emma men kimdirin...
— Ähli aýallarymyň we gyrnaklarymyň içinden diňe sen Hudaýy gözleýärsiň.
Batşebanyň gözleri gözýaşdan doldy.
— Eden işimden soň we eden işimiň näçe betbagtçylygy getireninden soň, men kimiň ýanyna baryp bilerdim?
Dawut aýalyny ogşap, onuň ýaňaklaryndaky gözýaşlary süpürdi we kellesini sypalady.
— Diňe öz durmuşyny tas ýitirenler Hudaýyň söýgüsiniň çuňlugyny bilmeklige ukyply bolsalar gerek, — diýip, Dawut aýalynyň dodaklaryndan ogşady. — Meniň dostumyň gyzy bolanyň üçin men seni söýýärin. Men seni isläpdim we aldym, çünki sen owadandyň. Men seni söýýärin, çünki seniň bilen maňa hemişe gowy we rahat, — Dawut ýeňillik bilen Batşebadan aýrylyp, onuň elinden tutdy. Olar bile ýerlerinden turdular. Gözlerini aýalyndan aýyrman, Dawut onuň ellerini özüniň dodaklaryna ýetirdi-de, olary ogşady:
— Emma seniň meniň üçin söýgüli aýalym, çagalarym üçin bolsa, söýgüli ene bolanyň üçin hemmesinden-de kän söýýärin. Sen Hudaýy söýýän we Ony gözleýän, meniň olara guwanýan dört ogullarymy terbiýelediň. Men olary...
Onuň sesi kesildi. Batşeba Dawudyň näme diýjegine düşünip, ony köşeşdirdi we gujaklady.
Batşeba onuň ynanyp we bil baglap bilýän ogullaryny terbiýeläp ýetişdirdi.
Altynjy bap
Dawudyň Iýerusalime dolanmazynyň öň ýanynda ýene bir pitne halky bölünişige salmaga synanyşdy: benýaminli Şeba ysraýyllylary Dawuda garşy urşa çagyrdy. Onuň urşa çakylygy zerarly ysraýylyň on tiresi bilen Dawudyň özüniň degişli bolan Ýahuda tiresiniň arasynda dawa güýçlendi.
Dawut Amasa goşuny ýygnamaklygy buýurdy, emma Ýogap Amasany öldürip, ýene-de Dawudyň goşunlaryna ýolbaşçylygy öz üstüne aldy.
Pitneçi Beýtmagakanyň Abela şäherine geldi we şol ýerde Ýogap ony gabady. Şäherde bir akylly aýal bardy. Ol şäheriň ähli ýaşulylaryny toplap, şäheri weýrançylykdan goramak üçin Ýogaba Şebanyň kellesini bermeklige yrdy.
Birnäçe ýyldan soň piliştiler ýene-de ysraýyllaryň üstlerine çozdular we Dawut goşunyny urşa alyp bardy. Ol garrydy we öňküsi ýaly güýçli däldi, şonuň üçin hem halk onuň söweşe gatnaşmagyna razy däldi.
— Ysraýylyň çyrasynyň sönmezligi üçin sen biziň bilen söweşe çykmarsyň.
Dawut gulak asdy we goşun onsuz söweşe gitdi. Bu uruşda Dawudyň edermen esgerleri Golýatyň doganlaryny ýeňdiler we şeýdip, başa-baş söweşijiniň soňky nesillerini hem gyrdylar.
Özüni ähli duşmanlaryndan azat edeni üçin Dawut şol gün özüniň galasy we galkany bolan Hudaýa öwgi aýdymlaryny aýtdy we özüniň edermen adamlaryny sanamaklygy bilen ýene-de Hudaýa garşy günä etdi. Şu wagta çenli ýeňiş birip gelen Hudaýa bil baglamaklygyň deregine, Dawudyň gopbamsylygy we şöhratparazlygy öz goşunynyň sany bilen magtanary ýaly öz halkyny sanamaklyga mejbur etdi. Dawudyň şalygy adam güýji bilen berkidilipdimi näme?
Günäsini boýun alyp, Dawut Hudaýdan ötünç sorady. Hudaý onuň şu jezalarynyň birini saýlamaklygyny buýurdy: ýedi ýylyň içinde ýurtdaky açlyk; ýedi aýlap duşmanlardan gaçmaklyk ýa-da ýurdy üç günüň içinde gyrgyna saljak mergi keseli.
— Goý, men Hudaýyň eline düşeýin, — diýip, Dawut aýtdy, — çünki Onuň rehimi beýikdir.
Şeýdip, Dawut mergi keselini saýlady.
Halkyny sanap, onuň köplügi bilen magtanandygy üçin ýetmiş müň adam öldi. Ahyrynda Hudaýyň rehimi gelip, Ol şeýle diýdi:
— Ýeterlikdir!
Dawut Hudaýyň perişdesiniň ýebusly Arawnahyň harmanynda durup, gylyjyny gynyna salanyny gördi we gorkudan titredi. Onsoň Dawut şol harmany satyn alyp, gyrgynçygyly saklan Hudaýa gurbanlyk berdi.
Wagtyň geçmegi bilen hut şol ýerde ybadathana gurlar.
* * *
Batşeba özüniň söýgüli äriniň garrandygyna üns berdi. Onuň saçlary çalarypdy, henizem owadan bolan ýüzünde ýygyrtlar peýda bolupdy. Edil bütin Ysraýylyň halky öz egnine ýüklenen ýaly onuň eginleri aşak sallanypdy. Indi ol köşgünde haýallyk bilen ýöreýärdi we gyrnaklarynyň ýanlaryna-da diňe käwagtlar barardy. Aýallary bolsa, öňküleri ýaly öz dawalary bilen onuň ýanyna gelip, her haýsy öz ogluny magtaýardy. Dawut bolsa, olaryň hiç birlerine-de uly wezipeler bermeýärdi.
Wagty bolanda ol Batşebanyň ýanyna baryp, onuň bilen bütin agşamy geçirerdi.
— Birwagtlar men bürgüt ýaly çaltdym, emma meniň aýaklarym edil agajyň düýbi ýaly ýerde berk ornaşýarlar.
Batşeba ýylgyryş bilen äriniň aýaklaryny owkalaýardy.
— Mähribanym, biziň ählimiz hem garraýandyrys.
Dawut titredi we Batşeba ony ýorgan bilen örtdi. Ol aýalynyň elinden tutup ogşady.
— Sen meniň üçin häzir hem ýaş çagyňdaky ýaly owadansyň.
— Sen hem öňküň ýaly owadansyň, — diýdi-de, Batşeba ýerinde turup, on ýyllyklaryň içinde bilelikde ähli synaglary ýeňip geçen aýalyň ärini ogşaýşý kimin Dawudy ogşady. — Sen henizem titreýärsiň.
— Bu ýaşlygymdaky gyzgyn bolan ganyň sowaýandygynyň sebäbidir.
— Men seni öňküsi ýaly söýýändirin.
Batşeba ýylgyrdy.
— Hawa, men eşitdim.
Dawut bilen ýatyp turmaklygy üçin görmegeý, boý gyz gözläp, hyzmatkärler bütin ýurdy aýlanyp çykdylar.
— Seniň özüň bu pikiri aýtmadyňmy, näme?
— Abyşag görmegeý, emma men oňa diňe seredip bilerin. Galanlary bolsa eýýäm meniň üçin däldir.
— Eger men seni ýeke özüm üçin saklap bilsedim, men muny hökman şeýle ederdim.
— Eger men ýaşlygymda akyllyrak bolan bolsadym... — Dawut uludan demini aldy. — Eger-de... eger-de... — diýip, ol başyny çaýkady. — Her bir adam ýaly men hem kanuny gowy bilerdim. Eger hatda kanun biziň ýüregimizde ýazylan hem bolsa, şonda-da biz ýalňyşman bilmezdik diýip aýtmaklyga men gaýrat edýän.
— Sen hemişe-de Hudaýyň halan adamydyň.
— Meniň kemçiliklerim gaty kändir we men gaty kän günä etdim. Jelepçilik, adam öldürmeklik...
Batşeba eliniň aýasy bilen Dawudyň agzyny ýumdy.
— Hudaý seni söýýändir, çünki her gezek sen günä edendigiňi bileniňde, Onuň öňünde toba edýärsiň. Sen öz günäleriň üçin
— Men söýýänleriniň baryna agyry ýetiren adamdyryn. Meniň şalyk eden döwrümde adamlaryň sansyz-çäksiz köplügi öldürildi, — diýip, Dawut başyny çaýkady, gözlerine bolsa gözýaşlar düýrlendi. — Näme üçin Hudaň şeýle etdi? Näme üçin ysraýyl halkynyň arasyndan hut
— Çünki sen bu soragy berýän ýeke-täk adamsyň.
* * *
Tagta çykmaklyk baradaky öz hukuklaryny aýtmaklyga Haggyt ogly Adoniýany yrýandygyny Batşeba bilýärdi, çünki Adoniýa Dawudyň Abşalomdan soňky ogludy. Adoniýanyň Abşalom ýaly özi üçin arabalary we atlary edinip, özüni eýýäm patyşa ýaly alyp barýandygyny göreninde, Batşeba howsalalyga düşdi. Ýene bir pitne turjakmyka?
Adoniýanyň özüni alyp barşy hakda Dawut hiç zat diýmeýärdi we Batşeba hem sesini çykarmaýardy. Ýöne Batşeba kän oýlanýardy. Süleýmany patyşa etmeklik baradaky wadasyny Dawut ýadyndan çykaraýdymyka? Eger Adoniýa patyşa bolsa, onda Dawudyň aradan çykan güni Batşeba hem ogullary bilen öldüriler, çünki Adoniýa hem Abşalom ýaly gopbamsy we rehimsizdi. Batşeba ogullaryndan Adoniýanyň Ýogap we ruhany Abýatar bilen maslahatlaşýandygy we olaryň ony goldaýandyklaryny eşideninde, Adoniýanyň özüni tizara patyşa diýip yglan etjekdigine we onuň tagta bolan ymtylyşygyny goldaýan tarapdarlarynyň hem bardygyna düşündi.
Batşeba öz gorkulary bilen Hudaýyň ýanyna geldi. Ol oraza tutup, dileg edip, Onuň jogabyna garaşýardy.
Adoniýa goýunlardyr öküzleri gurbanlyk bermeklik üçin El-rogel çeşmesiniň boýuna bardy. Ol Süleýman bilen onuň doganlaryndan başga Dawudyň ähli ogullaryny, şeýle-de, Dawuda wepaly galan pygamber Natany, Benaýa ruhanyny we ençeme esgerleri-de çagyrdy.
Ýene-de urşuň ýakynlaşýandygyna Batşeba düşündi. Belki-de, bu günäleri üçin Batşebanyň özüniň we Dawudyň üstünden bolan soňky hökümdir.
Batşebanyň ýanyna Natan geldi. Ol gaty çynlakaý görünýärdi.
— Haggytyň ogly Adoniýanyň patyşa bolandygyndan we jenabymyz Dawudyň muny bilmeýändiginden habaryň barmy? — diýip, ol Batşebadan sorady.
— Men doga etdim.
— Eger sen özüňiň we ogluň Süleýmanyň janyny halas etjek bolsaň, onda meniň maslahatyma gulak as. Häziriň özünde Dawut şanyň ýanyna bar-da, şeýle diý: «Jenabym şa, özüňden soň oglum Süleýmanyň patyşa boljakdygyny wada bereniň ýadyňdamy? Onda näme üçin Adoniýa patyşa boldy?» Ine, sen şulary aýdýançaň, men hem gelip, seniň sözleriňi tassyklaryn.
— Men şeýle-de ederin, — diýip, Dawudyň birden öz wadasyny ýadyndan çykarandygy baradaky pikirden gorkup, Batşeba aýtdy. Batşeba hem beýleki aýallar ýaly oglunyň ygtyýary üçin göreşýär diýip, Dawut oýlanmazmyka? Ýöne Batşebada başga saýlaw barmy ahyryn? Eger tagta erbet adamlar çyksalar, onda onuň bütin maşgalasy öldüriler.
Batşeba çaltlyk bilen patyşanyň otagyna tarap gitdi, içinden bolsa gyzgyn doga edýärdi.
— Men patyşa bilen örän wajyp bir iş barada gürrüňleşmelidirin, — diýip, Batşeba garawula aýtdy.
Esger oňa baş egip, patyşanyň ýanyna gitdi we tizara yzana dolanyp gelip, Batşebanyň girmekligi üçin gapyny açdy.
Batşeba Dawudyň ýanyna gireninde, patyşa ertirlik naharyny hödürläp duran görmegeý Abyşagy gördi. Gyzjagaz gözlerini galdyrdy we hormat bilen egilip, Batşeba bilen salamlaşanynda, onuň ýüzi mähirli ýylgyryş bilen şöhlelendi. Batşeba gyzjagazy özleriniň eýýäm birinji duşuşygynda söýüpdi. Dawuda hyzmat etmekligi üçin Abyşagy Iýerusalime getirmezlerinden ozal ol kakasynyň örülerini bakardy. Abyşagyň garry patyşa bilen kän umumy zady bardy: bu gyz Dawut ýaly Hudaýy bütin ýüregi bilen söýerdi.
Batşeba äriniň öňünde dyzyna çöküp, baş egdi.
Dawut ýerinde turup oturdy.
— Näme boldy, Batşeba?
Doga edeninde, Batşebanyň ýüregi çaltlyk bilen urýardy:
— Jenabym şa, özüňden soň meniň oglym Süleýmanyň patyşa boljakdygyna sen ant içipdiň. Emma munuň deregine Adoniýa patyşa boldy we seniň mundan habaryň-da ýok. Ol ençeme goýundyr öküzleri soýup, seniň ähli ogullaryňy, Abýatar ruhanyny we goşunbaşy Ýogaby çagyrypdyr.
Dawudyň gözleri duýdansyzlykda sowuk boldy.
— Emma ol seniň ogluň Süleýmany çagyrmady, — diýip, Batşeba sözüni dowam etdirdi. — Ine, meniň jenabym şa, Ysraýyl seniň kararyňa garaşýar: senden soň tagta kim çykar. Eger sen öz kararyňy yglan etmeseň, onda seniň ölümiňden soň men we Süleýman bilen erbet adamlar kimin gatnaşyk ederler.
— Jenabym şa, — diýip, gapyda duran garawul ýüzlendi, — Natan pygamber seni görmek isleýär. Onda seniň üçin gaty wajyp habar bar diýýär.
— Goýber, girsin! — diýip, Dawut uludan demini alyp aýtdy, ýüzi bolsa gyzarypdy. Sabyrsyz üm bilen ol Abyşagyň aýrylmagyny buýurdy. — Batşeba, gidäý, men seni çagyraryn!
Köşeşmäge synanyşyp, Batşeba otagdan çykdy. Dawudyň kararyna garaşyp, Batşeba dileg edip, köşgüň içinde eýläk-beýläk ýöreýärdi. «
— Batşebany çagyr!
Batşeba Dawudyň sesini eşitdi we ýüregi doňdy.
Garawul gapyny açdy.
— Men bärde, jenabym şa, — Batşeba seslendi.
Dawut durdy.
— Janymy ähli belalardan halas eden Hudaý diridir. Ine, Ysraýylyň Hudaýynyň alnynda saňa wada berşim ýaly yglan edýän, ýagny seniň ogluň Süleýman meniň tagtymda oturyp, şalyk eder.
Batşeba dyzyna ýykylyp, Dawuda baş egdi we gözýaşlary bilen seslendi:
— Goý, jenabym şa baky ýaşasyn!
Dawut Sadok ruhanyny, Benaýany we Natan pygamberi çagyryp, olara buýruk berdi:
— Süleýmany we meniň hyzmatkärlerimi alyň-da, Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona gidiň. Şol ýerde ruhany Sadok bilen Natan ony şalyga bellesinler. Onsoň tüýdük çalyp, yglan ediň: «Süleýman patyşa baky ýaşasyn!» Yzyňyza dolanyp geleniňizden soň ony meniň tagtymda oturdyň. Ol meniň mirasdüşerim bolar, ol Ysraýylyň we Ýahudanyň serdary bolmalydyr.
— Omyn! — diýip, ruhanylar aýtdylar we bir-birlerine seredenlerinde olaryň gözleri şatlaykdan ýalpyldaýardy.
Garry ýolbars ahyrynda oýandy.
* * *
Sadogyň çadyrdan ýag guýlup goýlan şahy alyp, Süleýmany mesh[11] edişine Batşeba şatlykdan tolgunyp, Dawudyň öýüniň ähli agzalary bilen bile syn edýärdi. Dawut ýylgyrýardy we ony iki sany erkek goldady, olaryň ýanlarynda bolsa Abyşag durdy.
Natan Dawuda tarap öwrüleninde, ol kellesinden täji aýyrdy-da, pygambere uzatdy.
— Ony Batşeba beriň.
Gojanyň gözleri ýagtylandy. Ol täji aýala berdi we aýalyň gözleri gözýaşlardan doldy — bütin halkyň öňünde oňa nähili hormat goýdular. Dawut ýylgyryp, Batşebanyň öňünde başyny aşak egdi. Batşeba hem jogap edip, oňa ýylgyrdy we yzyna öwrülip, oglunyň kellesine täji geýdirdi.
Halk şatlykdan gygyrdy:
—
Adamlar öz patalaryny ýene we ýene gygyrýardylar. Müňlerçe adamalar saz çalyp, tans edýärdiler welin, hatda olaryň aýaklarynyň astynda ýer sandyraýardy.
Batşeba gülüp, şatlanýardy welin, hatda ýüregi şatlykdan okduryljak bolýardy. Ol ilki Dawuda, onsoň ogluna seretdi. Çalnan ýag Süleýmanyň ýüzünden akyp, sakgalynda ýitirim bolýardy.
Süleýmany tagtda oturdanlarynda, doly güýçden gaçan Dawut oňa tagzym etdi.
— Meniň tagtymda oturany beren Taňry, Ysraýylyň Hudaýy mübärek bolsun! Meniň gözlerim bu gün mirasdüşerimi görýändir!
Habarçy gelip, Hudaýyň belläni bolan Süleýman mynasybetli tutulan baýramçylygyň şagalaňyny eşidip, Adoniýanyň myhmanlarynyň gaçyp gidendiklerini Dawuda habar berdi. Indi öz janlaryndan gorkup, olaryň her birleri birinji bolup Süleýmana tagzym edip, ony şöhratlandyrmaga gyssanýardylar. Dawut ýerinden turdy. Batşeba hem turjak boldy, emma Dawut başyny yrap, onuň turmaklygyna rugsat bermedi.
— Mähribanym, bu günden keýplen. Hudaýyň edenine seret.
Iki ýigit Dawudy baýramçylyk bolýan ýerden alyp çykdylar we Abyşag hem onuň yzyna eýerdi.
Ýene bir habarçy geldi-de, Süleýmanyň öňünde dyza çökdi.
— Jenabym şa!
— Ýeriňden tur-da, aýdyber.
— Adoniýa senden gorkýar we gaçalga gözläp, ol Hudaýyň çadyryna gaçdy. Ol: «Meni öldürmejekdigine Süleýman ant içsin!» diýdi.
Süleýmanyň öz doganynyň tagtyň ýanyna getirilmegini garawula buýranda, Batşeba ýeňillik bilen demini aldy.
Adoniýa Süleýmana tagzym etdi, emma beýlekileriň edişleri ýaly ol dyzyna çökmedi. Ol başyny egdi, emma iki bükülmedi. Süleýman doganyny oňatja synlaýardy, gözleri kiçeldi.
— Adoniýa, öýüňe git. Git-de, meniň duýduryşymy ýadyňda sakla.
Adoniýa yzyna öwrülip, çykalga tarap ugranynda hemmeler ümsüm boldular. Eger doganlar ýaraşmaklygyň ýoluny tapmadyk bolsalar, onda olara betbagtçylygyň garaşýandygyny Batşeba bilýärdi.
* * *
Süleýmany şalyga bellänlerinden soň Dawudyň saglygy birden erbetleşdi. Her gün irden Batşeba äriniň ýanyna barardy, ýöne onuň ähli mätäçliklerini öz üstüne alyp, Abyşag ol barada aladalanýardy.
Özüniň bütin ömür söýen adamynyň solýandygyny görende, Batşebanyň ýüregi gysýardy. Batşeba Dawudyň ömrüniň ahyrynyň golaýlandygyna düşünýärdi. Ol ogly Süleýmany kakasynyň ýanyna çagyrdy. Patyşa ýany bilen doganlary Şimegany, Şobapy we Natany hem getirdi.
Süleýman kakasynyň öňünde tagzym etdi. Dawut elini oglunyň kellesine goýdy.
— Oglum, — diýip, ol gyryljyk sesi bilen aýtdy, gözleri bolsa, gözýaşlardan doldy, —otur, gel, öňküler ýaly gürrüňlerşeli.
Dawut özüni gurşan ähli garyndaşlaryna ýylgyrdy. Öňe uzaldy-da, Batşebanyň elinden tutdy.
— Dünýäde ýaşaýan her bir adamyň barjak ýerine men ýollanýaryn.
Süleýman we doganlary agladylar.
— Berk dur, — diýip, Dawut Süleýmana ýüzlendi — we mert bol. Öz Hudaýyň Rebbiňiň tabşyrygyny Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Onuň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de şaýatlyklaryny gorap sakla. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar. Onsoň Hudaý: «Eger seniň ogullaryň seresaply ýaşap, bütin ýürekleri, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýyl tagtyndan aýrylmaz» diýip maňa beren wadasyny saklar.
Batşeba gözlerini ýumdy we äriniň sesiniň ýitýändigini eşidende, gözýaşlary bokurdagyna geldi. Batşeba Dawudy ýitirýärdi. Ençeme bilelikdäki ýaşaýyşdan soň ol Batşebadan hemişelik aýrylýardy.
— Ýene-de aýtjak zadym bar. Süleýman, sen Seruýanyň ogly Ýogabyň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny: Neriň ogly Abneri we Ýeteriň ogly Amasy öldürendigini bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, bilimdäki guşagymy, aýagymdaky çarygymy nähak gana bulap, olary öldürdi. Şonuň üçin hem sen paýhasly hereker et, onuň çal kellesini dowzaha sag-salamat iberme!
— Bolýar, kaka.
— Barzilaýyň ogullaryna bolsa mähirli bol...
— Bolýar, kaka.
— Ine, Bahurimden bolan benýaminli Geranyň ogly Şimegeý-de seniň eliňde, Mahanaýyma barýan günüm ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordana meni garşy almaga gelende, men oňa: «Sen gylyç bilen öldürilmersiň» diýip, Hudaýyň adyndan ant içdim. Şonuň üçin hem sen häzir ony bigünä hasap etme, çünki sen paýhasly adamsyň, oňa näme etmelidigini seniň özüň bilersiň, onuň çal kellesini gana bulap, onsoň döwzaha iber.
Batşeba sandyrady, emma hiç zat diýmedi, Dawut bolsa, nalyş bilen düşeginde ýatdy. Gapdalyna öwrüldi-de, ol Batşeba seretdi.
— Wah, meniň söýgülim, — diýip, Dawut ýuwaşja aýtdy. Ol uludan demini aldy we onuň bedeni gowşady.
Güýçli agyry Batşebanyň ýüregini gysdy, gözýaşlar bolsa, gözlerini ýakyp barýardy. Abyşag aşak egilip, elleri bilen Dawudyň gözlerini ýumanynda, Batşebanyň betbagtlygy daşyna çykdy. Ol köýneginiň ýakasyny ýyrtyp, eli bilen döşüni ýumruklaýardy.
— Dawut!
Batşebanyň ogullary ýerlerinden turup, edil garawullar kimin ejelerini gurşadylar. Süleýmanyň elleri bolsa, mähir bilen onuň egnine goýuldy.
* * *
Dawut uly hormat bilen öz şäherinde jaýlandy. Halk oňa aglanynda, Batşeba adamlaryň onuň ýalňyşlyklaryny däl-de, eden ähli oňat işlerini ýatlamaklary barada doga etdi.
Süleýman ýeňillik bilen şalyga hökümdarlyk edýärdi, çünki Natanyň özi we ruhanylar oňa kömek edýärdiler. Emma onuň tagty howpsuzlykda däldi. Duşmanlar güýç toplaýardylar.
Bir gün agşam Batşebanyň ýanyna Adoniýa geldi.
— Meniň ejem saňa salam iberdi, — diýip, Batşeba tagzym edip aýtdy. Onuň şeýle gatnaşygyny Batşeba birinji gezek görýärdi.
Onuň ejesi Haggyt hem edil Magaka ýaly öz oglunyň patyşa bolmaklygyny gaty küýseýärdi.
— Sen erbet niýetler bilen geldiňmi?
Hiç bir belanyň bolmazlygy üçin Adoniýa Süleýmanyň oňa aýdan duýduryşyny ýatlatmak gowy bolmazmyka? Ýa-da belki-de, ilki bilen ony diňläp, kellesindäkini bilmelidir?
— Ýok, — diýip, ýigit çalt jogap berdi. — Men parahatçylyk bilen geldim. Men seniň hoşamaýlygyňy agtaryp geldim.
Hoşamaýlygy? Batşeba kellesini aşak egdi.
— Nähili hoşamaýlyk? — diýip, Batşeba seresap bolup sorady.
— Şalygyň maňa degişlidigini sen bilýärdiň.
Batşeba gaty tolgundy, onuň ýüregi çalt urup başlady. Abşalomdan soň tagtyň hojaýynynyň özüdigini Adoniýa ýatlatjak bolýarmyka? Ýa-da ol pitne barada aýtjak bolýarmyka? Özüni patyşa diýip yglan eden güýçli erkekleriň goldamalaryna Adoniýa eýe bolupdy. Özleriniň dildüwşiklerini aňary ýaly Dawut gaty kesel we garry diýip, olar ýalňyşypdylar. Hatda patyşa bu barada biläýeninde-de, pitnäni basyp ýatyrar ýaly ýeterlik goşun ýygnap biler diýip oýlamandylar.
Ýaragynyň ýokdugyny görkezjek ýaly eden bolup, Adoniýa elini öňe uzatdy.
— Indiki patyşanyň meniň boljakdygyma hemmeler garaşýardylar. Emma bagt menden ýüzüni öwrüp, doganyma gitdi, çünki bu Hudaýyň erkidir.
Batşeba Adoniýanyň gözlerinde mekirligi gözledi, emma ol edil Dawudyň erki bilen ylalaşan ýalydy.
— Ine indi, — diýip, Adoniýa Batşebanyň ünsüni bölüp, sözüni dowam etdirdi, — men senden bir rehim hakda soraýaryn. Haýyş edýän, ýok diýme.
— Nähili rehim?
Ýigit Batşeba ýakynlaşyp, dyzyna çökdi, onuň gözleri garaldy.
— Men barada Süleýman patyşa bilen gürleş. Bar zatda-da saňa ýok diýmejekdigini men bilýärin. Abyşagy maňa aýallyga bermekligi ondan haýyş et.
Abyşag! Batşeba Adoniýanyň gözlerine üns berip seretdi we ony dolduryp duran duýgunyň söýgüdigine düşündi, çünki Batşeba onuň höwesiniň güýçlüdigini duýup, islegini görýärdi.
— Bolýar, — diýip ýuwaşja aýdanynda, Batşeba Adoniýanyň gözleriniň ulalandygyny gördi. — Sen barada men patyşa bilen gürleşerin.
Adoniýa başga ýekeje-de söz aýtmady, emma ol ýerinden turanynda, onuň dodaklary şatlykdan ýaňa titreýärdi.
* * *
Ogly patyşanyň ýanyna barmazyndan ozal Batşeba özüniň iň owadan köýnegini geýdi. Ejesiniň özi bilen gürleşjekdigini Süleýmana aýdýançalar, Batşeba garaşyp durdy. Batşeba otaga gireninde, Süleýman tagtyndan turdy-da, ejesine tarap aşak düşdi. Özüne oglunyň tagzym edeninde, Batşeba utanjyndan gyzardy, bütin köşk bolsa, patyşa syn edýärdi. Süleýman ýylgyrdy-da, ejesiniň elinden tutup, ony tagtyň ýanyna alyp bardy.
— Meniň ejem üçin ýene bir kürsi getiriň, — diýip, ol buýruk berdi.
— Sen maňa çenden aşa hormat goýýaň, oglum, — diýip, Batşeba ogluna pyşyrdady.
— Seni nähili hormatlaýandygymy halk bilmelidir, — diýip ýylgyrdy-da, Süleýman ilki ejesiniň oturmagyna kömek berdi. — «Ata-enäňe hotmar goý» diýip kanun öwretmeýärmi ahyryn?
Emma adamlar hiç haçan-da Batşeba barada gybat etmeklerini bes etdirmezler we özüne garşy halkyň pikirlerinden-de Batşeba ogluny gorap bilmeýärdi. Ähli ýyllaryň içinde onuň ogullaryny ýigrenip, olardan daş durmadylarmy ahyryn? Eger Batşeba bir ýerlerde ýekelikde ýaşan bolsa, gowy bolardy. Belki-de, diňe şonda halk ony ýadyndan çykarar? Eger ony görmeseler, onda adamlaryň onuň günäsini ýatlamalary Süleýmanyň şalyk etmeginde büdreme daşy bolmaz.
— Oglum, men adamlara bolan ýamanlygy özümde saklamaýaryn.
— Men hem şeýle edýändirin, ejejan, — diýeninde, Süleýmanyň gözleri ýalpyldady. — Ýöne çäkleri gurnamaklyk gaty wajypdyr. Meniň kakam seni söýýärdi we seniň bilen edil şazadanyň aýaly kimin gatnaşyk etdi. Hemmeler-de seniň bilen şeýle gatnaşyk etmelidirler, — diýip, ol uludan demini aldy-da, ýene-de ýylgyrdy. — Indi bolsa, özüňdäki howsalalygy maňa aýt, çünki sende çynlakaý sebäp bolamasa, meniň ýanyma gelmejekdigiňi men bilýärin.
Batşeba elini Süleýmanyň eline goýdy.
— Meniň saňa kiçijik haýyşym bar, — özüniň araçy bolmaklygy sebäpli ogly bilen Adoniýanyň arasynda we özi bilen Dawudyň beýleki aýallarynyň arasynda ylalaşygyň boljakdygyna Batşeba ynanýardy. — Meniň haýyşyma ýok diýmersiň diýip umyt edýärin.
— Nähili haýyşyň bar, ejejan? Saňa ýok diýmejekdigimi özüň bilýärsiň.
Batşeba özüni ýeňil duýdy.
— Abyşagy özüne aýal edip almaklyga doganyň Adoniýa rugsat ber.
Süleýman sesini çykarman durdy. Oglunyň ýüzünde gahary we nägileligi göreninde, Batşebanyň ýüregi doňdy. Ol birden elini ejesiniň elinden aýyrdy. Oglunyň möwç alyp barýan gaharyna syn edip, Batşeba howsala düşdi.
— Nädip sen Abyşagy Adoniýa bermekligi menden haýyş edip bilýäň? — diýip, Süleýman ýuwaşrak aýtdy. — Onda oňa şalygy bermekligi-de haýyş et! Onuň meniň uly doganymdygyny we Abýatar ruhany bilen Ýogabyň hem ony goldaýandyklaryny sen bilýärsiň. Kakamyň gyrnaklarynyň birine bolan talaby bütin şalyga bolan talaba deňdir! — Süleýman ýerinden böküp turdy. — Eger şu dilegi bilen Adoniýa öz ykbalyny soňuna çenli çözen bolmasa, onda, goý, Hudaý meni ursun!
— Hudaý meni berkedip, meni kakam Dawudyň tagtynda oturtdy, — diýip, Süleýman bütin märekä ýüzlendi. — Wada berşi ýaly Hudaý meniň öýümi berketdi. Hudaý diridir, indi Adoniýa öldürilmelidir!
Batşeba ýuwaşlyk bilen gygyrdy. Ýene-de bir zatlar aýtmazyndan ozal Batşeba elini galdyryp, Süleýmany saklajak boldy, emma ol ejesi tarapa seretmedi we özüniň iň wepaly hyzmarkäri Benaýany ýanyna çagyrdy.
—
— Bolýar, meniň jenabym şa!
Benaýa gylyjyny gynyndan çykardy-da, çaltlyk bilen gitdi.
Batşeba ellerini dyzyna goýdy we kellesini aşak sallady. Süleýman bolsa beýleki hyzmatkäri çagyryp, onuň Abýatar ruhanyny getirmegini buýurdy. Süleýman ejesine tarap öwrülende, ejesi kellesini galdyrdy we gözlerinde gözýaşlar peýda boldy.
— Men bilmedim. Şeýle boljakdygyny men hiç haçan oýlamandym.
— Ejejan, otagyňa dolan, — diýende Süleýmanyň sesi ýene-de ýumşady. — Köşeş. Biraz soňra seniň bilen gürleşerin.
— Batşeba bütin bedeni bilen sandyrap, ýerinden turdy. Ýüzüniň tutuklylygy bilen Süleýman ejesiniň elinden tutdy.
— Ejejan, — diýip, ol mähir bilen aýtdy.
— Bary gowudyr, — diýip, ejesi tutreýän sesi bilen aýtdy.
— Ejemi otagyna ugrat, — diýip, patyşa hyzmatkärine buýurdy-da, ejesi baradaky aladany beýlekilere tabşyrdy.
Köşkdäki hemmeleriň gözleri Batşeba gönükdirilendi. Ol kellesini galdyrdy-da, mertebililik bilen patyşanyň huzuryndan aýryldy. Oglunyň hyzmatkäri Batşebany köşgüň aýallary barada alada edýän agta tabşyrdy.
— Hanym, — diýip, agta ýüzlendi. Batşeba başyny çaýkady-da, onuň ýanyndan geçip gidip, öz otagyna girdi.
Onuň ýanyna gyrnagy geldi.
— Hanym! Size näme bolýar? Näme bolýar?
Batşeba ellerini maňlaýyna degirdi.
— Meni ýeke galdyr.
— Emma siz kesel görünýärsiňiz.
Batşeba ylalaşman başyny çaýkady.
Meniň ýöne ýeke özüm bolmalydyryn. Ýanymdan aýryl, haýyş edýän! Men özümi oňat duýýandyryn.
Howsalalyga düşen gyzjagaz gitdi. Gapy ýapyldy we Batşeba ýere ýykyldy. Gykylygynyň sesini basyp ýatyrmak üçin ol ýüzüne perdäni çekdi.
— Eý Taňrym, Ysraýylyň Hudaýy, rehim et... maňa rehim et.
Batly gykylyk onuň bütin endamyny sandyratdy.
Dawudyň günäsi üçin ýene bir jan tölenipdi.
Ýedinji bap
Süleýman ähli duşmanlaryny gyrjak bolup, gaty çalt hereket edýärdi. Adoniýanyň öldürilmegi Ýogaby Hudaýyň çadyryna gaçmaklyga mejbur etdi. Ol ýerde Ýogap gurbanlyk sypasynyň çykyp duran burçlaryndan[12] ýapyşyp durdy. Süleýman şa Benaýa ýene-de buýruk berdi.
— Gurbanlyk sypasynyň ýanynda ony öldür-de, onsoň jaýla. Bigünä ganyň dökülendiginiň günäsini menden we meniň kakamyň öýünden aýyr. Bigünä we özünden oňat bolan iki erkegi öldüreni üçin Hudaý Ýogaby jezalandyrsyn!
Onsoň Süleýman Abýatardan Hudaýyň ruhanysy wesipesini aýyrdy-da, galan ömrüni geçireri ýaly ony Anatota iberdi.
Patyşa Şimegeýi ýanyna çagyrdy we onuň Iýerusalimi taşlap gitmezligini buýurdy.
— Kedron akymyndan geçen günüň sen öldürilersiň we seniň ganyň öz başyňa bolar.
Onuň yzyndan yzarlamaklyk üçin Süleýman garawul goýupdy. Şimegeý patyşanyň buýrygyny ýerine ýetirmedik güni, ony öldürdiler. Çünki ol Hudaýyň belläni bolan Dawut şany masgaralapdy.
Süleýmanyň gözlerinden hiç zadyň sypyp bilmejekdigini hemmeler-de bilýärdiler. Özüniň hemişe oýa boljakdygyny we şalyga berk elleri bilen hökümdarlyk etjekdigini hemmelere belli edipdi. Ol özüne garşy el göterilmegine ýol bermez.
Batşeba Süleýmanyň hereketleri barada bileninde, ol şatlyk deregine ýeňilligi duýdy. Belki-de, bu gan dökülme Ysraýyla parahatçylyk getirer. Belki-de, mundan beýläk erkekler goňşy halklar bilen söweşmezler. Erkekler işlärler we öz hyzmatlaryndan hoşal bolarlar. Elbetde, bu Hudaýyň uly patasy bolardy.
Batşeba howsalaly günlerde doglupdy. Onuň ýurdunda parahatçylyk gaty az wagtlap bolardy.
Indi Batşeba garrapdy we durmuşdan gaty ýadapdy. Geçmişiň onuň ýadynda häzirkisi ýaly direlýändigi gaty geňdi. Onuň kellesine aýdyň ýatlamalar gelýärdi we olardan Batşebanyň ýüregi agyrýardy. Agtygyny elinde tutup, ýylgyryp duran Ahytopel. Ýylgyryp duran kakasy. Bagryna basyp duran ejesi. Özünden daşlaşyp barýan Uryýa. Dawut, hemme ýerde Dawut. Dawut onuň arzuwlarynda ýaşaýardy, ine-de ol — keýik kimin çaltlyk bilen baýyrlarda bökjekleýär, ine-de ol öz adamlary üçin mezmurlar aýdýar we Hudaýyň halkyna degişli bolan şalygy gurmaklyga öz halkyny alyp barýar. Hawa, Batşeba ony güýçli söýýärdi we heniz hem söýýär.
— Ejejan, — diýip, özüni hakykata dolandyran mähirli ses eşidildi.
Batşeba ýeňillik bilen gözlerini ýumdy-da, ýylgyryş bilen kellesini aýlady. Ol Süleýmanyň ýaňaklaryny sypalady. Onuň kellesinde şa täji berk ornaşypdy. Ol akyllydyr we öz doganlaryna syn edip, olary gorap biler. Öz halkyna hökümdarlyk etmekde ol Hudaýyň patalaryny gözlär. Öz ogullary üçin Batşebanyň aladalanmagy gerek bolmaz. Olaryň çagalygyndan başlap, Hudaý olary öz penasynda saklap gelmedimi, näme? Dawa jenjelleriň höküm sürýän ýeri bolan köşgüň içinde Hudaý onuň çagalaryny goramandymy ahyryn? Zyna aýalynyň ogluny Hudaý tagtda oturdar diýip, kimdir-biri oýlanyp bildimi, näme? Batşeba ogly kesir halka hökümdarlyk edip, ony iň güýçli halk edip biler diýip, kimdir-biri oýlanyp bildimikä?
— Çagalarym, meni diňläň, — diýip, Batşeba öz otagyna gelen ogullaryna ýüzlendi. — Kakaňyzyň nesihatlaryny ýadyňyzda saklaň we meniň öwredenlerimi ýadyňyzdan çykarmaň. Hudaýdan gorkuň, çünki hemme zat Onuň elindedir we Onsuz siz hiç zat hem edip bilmersiňiz. Hudaýyň parzlaryny altyndan we göwherden-de berk gora. Gulaklaryňyzy ünsli ediň we ýürekleriňizi Hudaýyň kanunlaryna gönükdiriň. Patalar we näletler barada ýatlap, akylly saýlaw ediň.
Batşeba Süleýmana seretdi. Ol edil Dawut ýaly owadandy, ýöne Süleýmanda kakasyna ýetişmedik pähimlilik bardy. Emma Süleýmanyň kämahallar özüni alyp barşy Batşebany gamlandyrýardy. Belkide, bu onuň ygtyýarlygy küýseýän adamlaryň arasynda ulalandygynyň sebäbidir. Batşeba oňa elini uzatdy we Süleýman onuň düşeginde oturdy. Ejesiniň elinden tutup, Süleýman ony ogşady.
Şobap, Şimega we Natan ýakynrak geldiler, olaryň gözlerinde gözýaşlar düýrlenýärdi.
— Kakaňyzy nädip söýendigimi siz bilýärsiňiz, — diýip, Batşeba titreýän sesi bilen aýtdy.
Süleýman onuň ellerini berk gysdy.
— Hawa, ejejan. Seniň Dawuda bolan söýgüňe hiç kim-de şübhelenmez.
— Şeýle bolýan bolsa, onda meniň sözlerime gulak asyň we siz özüňizi ençeme gaýgylardan gorarsyňyz.
— Ol kesel, — diýip, Şobap pyşyrdady.
— Belki-de, onuň gyrnagyny çagyrmalydyrys.
— Ýok, — diýip Süleýman aýtdy-da, ejesinden gözüni aýyrmady. — Goý, gürläbersin.
Batşeba wagtynyň az galandygyna düşünýärdi.
— Siz öýlenjek bolanyňyzda, — ol öz ogullaryna birin-birin seredip çykdy we Süleýmanda saklandy, — özüňize aýaly seresaplylyk bilen saýlaň we olar diňe Ysraýylyň gyzlaryndan bolsunlar. Hudaýdan gorkýan, hyzmaty söýýän ynamly bolan, öz öýüne akylly hojaýynçylyk edýän we garyplar barada alada edýän boý gyzy tapyň. Ol sagdyn ogullary dograr ýaly güýçli we Hudaýyň halan adamlaryny ýetişdirip bilýän bolmalydyr. Daş-keşbiniň owadanlygy bilen kelläňizi ýitirmäň, — Batşeba gaýgyly ýylgyrdy. — Owadanlyk adatça puçdur we aldawçydyr. Siz owadan aýallaryň arasynda ulaldyňyz we olaryň nähili haýyn bolýandyklaryny özüňiz bilýänsiňiz.
Özüniň owadanlygy bilen ilki Dawut synalmandymy? Özüniň aýal ýüregi bilen Batşebanyň özi muny duýup, günä üçin gapyny açmanmydy? Munuň üçin olar nähili baha töläpdiler! Batşeba heniz hem töleýändir.
Batşeba Süleýmana ýylgyrdy.
— Päk ahlakly aýal oňat aýaldyr, ol äriniň täji bolar. Başyňdaky täjiň däl-de, hezillik bilen seretjek täjiň bolar.
Batşeba Şobapa, Şimega we Natana seretdi. Owadan ogullar we olaryň her birleri Hudaýyň patasydyr, Onuň rehiminiň subutnamasydyr.
— Päk ahlakly aýal öz adamsyny şöhratlar. Ol ogullaryny terbiýeläp, olara Hudaýyň ýollaryny öwreder. Şeýle ogullar Dawudyň öýüni berkiderler we halkymyz üçin pata bolarlar.
Batşeba ogullaryna ýene kän öwütler berjekdi, ýöne saklanmagyň wagtydygyny ol bilýärdi. Ene näçe kän gürleýän bolsa, ogullar şonça-da az eşidýändirler. Galyberse-de, Batşeba bulary öň hem aýdypdy: çagalarynyň heniz bäbek bolup, olary göwsi bilen emdirende, olaryň ulalyp, ejesiniň aýagynda oturanlarynda, olaryň ýigit ýetip, Hudaýyň pygamberinden tälim alanlarynda, Batşeba bireýýäm bu nesihatlary aýdypdy.
— Men gaty ýadadym.
Ogullary egilip, ejelerini ogşadylar. Batşeba bolsa olardan gözlerini aýryp bilmeýärdi. Onsoň ogullary ejeleriniň ýanyndan aýrylyp, özleriniň saýlan durmuşlaryna dolandylar.
Süleýman biraz eglendi.
— Sen kakam üçin ajaýyp aýaldyň, — diýip, ol mähir bilen aýdanda, Süleýmanyň gözleri gözýaşlardan doldy. — Beýlekiler ýaly sen ony ýöne bir sözde hormatlamaýardyň. Sen hakykatdan-da ony sylaýardyň.
— Men oňa kän belalar getirdim.
— Şeýle-de kän patalar hem getirdiň, — diýip, Süleýman ýylgyrdy. Sen oňa dört ogul berdiň we olaryň biri beýik patyşa bolar.
— Hudaýyň kömegi bilendir, oglum, — Batşeba oglynyň elinde ogşady. — Dünýäniň üstünden Kimiň hökümdardygyny hiç haçan ýadyňdan çykarma.
Batşeba pikirleri bilen uzakky geçmişe dolandy. Ol ejesiniň sesini eşitdi.
— Patyşanyň durmuşy ýönekeý çopanyňkydan kyndyr, oglum. Seniň kakaň özgäniň guýusyndan içip doýup, özüniň hususy çeşmesini zäherledi.
Süleýmanyň ýüzi çytyldy. Ol bir zatlar diýjek boldy, emma ejesi ony öňürtiledi.
— Oglum, sen eýýäm kimdir birini çynyň bilen söýdüňmi?
— Abyşagy.
Batşebanyň ýüregi gyýyldy. Ol Uryýany öldürmek barada buýruk beren Dawudy ýadyna saldy. Ol Abyşagy Adoniý üçin aýallyga bermekligini sorap gelen günündäki Süleýmanyň gaharyny ýatlady.
Süleýman ejesine egildi.
— Ýok, ejejan, men doganymyň öldürilmegini aýal sebäpli buýurmadym. Men ony onuň erbet niýetleri üçin öldürdim. Ol tagty eýelemek isledi. Pitne müňlerçe durmuşy äkidip, Ysraýyly tertipsizlige getirerdi. Söweşmeklik wajypdyr. Ysraýylyň daşky duşmanlaryny ýeňmekligi üçin Hudaý Dawudy ulandy. Men bolsa, aramyzda ýaşaýan duşmanlary öldürmelidirin. Şondan soň parahatçylyk bolar.
Özüniň çaltlyk bilen güýçden gaçyp barýandygyny Batşeba duýýardy.
— Öz çeşmäňi arassa sakla, — diýip, Batşeba ýuwaşja aýtdy. — Abyşagy aýallyga al, çünki ol meniň aýdan aýalyma gabat gelýändir. Emma oňa wepaly bol. Seniň patyşadygyňy we isläniňçe aýaldyr gyrnaklar edinip biljekdigiňi hem bilýärin. Munuň patyşalaryň adatydygyny hem bilýärin, emma öz azatlygyňy günä üçin ulanma. Ýaşlyk çagyňy aýalyň bilen şatlan.
— Men öz öýümi berkitmelidirin.
Batşebanyň ýüregi gaty ynjalandy.
— Ýok, oglum. Goý, Hudaý seniň öýüňi berkitsin.
Süleýman aşak egilip, ejesiniň ýaňagyndan ogşady. Batşeba oglunyň aýalyň maslahatyna eýermeýän adamdygyny bilýärdi.
Süleýman ýerinden turup, yza çekildi. Batşeba bolsa onuň elinden tutup, başardygyndan uzak wagtlap goýbermän durdy.
— Ejejan, men seni söýýärin, — diýip, ol garaşylmadyk bogulan sesi bilen aýtdy. — Men seni söýýärin, emma men gitmelidirin.
Batşeba onuň elini goýberdi. Hyzmatkär gapyny açdy we patyşa çykyp gitdi.
Batşeba düşeginde ýatyp, gözlerini ýumdy.
— Hanym, — diýip hyzmatkäri çagyranda, howsalanany üçin onuň sesi titräp eşidildi.
Batşeba gözlerini açdy.
— Arkaýyn bol.
Hyzmatkär gyzjagaz ýorgany düzedişdirdi we Batşebanyň ellerini sypalap, ýene-de oturdy. Batşeba ýene-de gözlerini ýumup, pikirlerinde geçmişe dolandy.
Ol ejesiniň gaharyny, onuň ajy sözlerini, pygamberlik bilen aýdan we Batşebanyň başyna düşen näletlemelerini ýadyna saldy.
Batşebanyň şol günki duýan ýiti agyrysy häzir hem öňküsi ýaly duýulyp gitdi. Şol günden soň Batşeba ejesini diňe dir gezek, ýagny onuň ölüm ýassygynda ýatanda görüpdi. Şonda onuň ejesi güýçden gaçyp, hereket edip bilmän, ýekeje-de söz aýdyp bilmändi. Batşeba birnäçe günläp ejesiniň aladasyny edipdi we özleriniň garyndaşlyk gatnaşyklarynyň dikelmegi üçin doga edipdi. Ahyrynda ejesi diwara tarap ýüzüni öwrüp, gyzyna ýekeje-de söz aýtman dünýäden ötüpdi.
Indi bolsa, Batşebanyň özi ölüm ýassygynda ýatyr. Munuň tiz amala aşjakdygyna Batşeba umyt baglaýardy. Ogullarynyň ýalňyşlyklaryny görmekligi üçin ol uzak wagtlap ýaşamak islemeýärdi. Olar bolsa, iru-giç hökman ýalňyşlyk ederler, çünki olar hem adamdylar. Eger olaryň damarlarynda kakalary Dawudyň gyzgyn gany akýan bolsa, onda olar Hudaýyň öňünde günä etmän, dogruçyl durmuş alyp baryp bilerlermikä?
Batşebanyň tozana öwrüleninden soň näçe wagtlap onuň günälerini ýatlarkalar?
Batşeba özüniň ýüzünde ýyly demi we ogşamany duýdy.
Onuň ýüregi şatlykdan doldy. Ol gözlerini açdy. Haçan beýle garaňky bolduka? Düşeginiň ýanynda onuň hyzmatkäri oturan ýerinde owkalaýardy, otagda başga hiç kim hem ýokdy.
Batşeba uludan demini aldy-da, howadaky hoşboý ysy duýdy. Bu ys oňa Hudaýyň çatmasyndaky ýygnanyşygy ýatlatdy. Onuň jany bu ysdan ganýardy. Batşeba rahatlandy-da, ýene-de pikirinde uzaklara gitdi, ýöne bu gezek arassalaýan çeşmede ýüzüp barşy ýaly özüni ýeňil we rahat duýdy.
Batşeba uludan demini aldy.
...ruhlansynlar.
MERÝEM
Şübhelenmedik
Wakanyň bolup geçen ýeri we wagty
— Seniň gyzyň doguldy, — diýip, göbek ene aglaýan bäbegi eline aldy. Köp sagatlyk kynçylykly dogurmadan soň güýçden gaçan Hanna düşekde ýatdy.
Bu habary eşidende, Hannanyň ýüregi doňdy. Göbek enäniň çaganyň kinnigini kesip, ony ýuwup, kesellemezligi üçin onuň titreýän bedenine duz çalmagyna garaşman, Hanna diwara tarap ýüzüni öwürdi.
— Seniň gyzyň, — diýip, garry aýal çagany ejesine uzatdy.
Hanna kiçijik bäbegi eline aldy-da, äriniň gaty lapykeç boljakdygyny bilip, aglamaga başlady. Äri oraza tutup, ogul barada dileg edipdi.
Gyzyny ogşap, Hanna ony göbek enä berdi.
— Pata bermekligi üçin gyzymy kakasyna ber.
Aýalyň gapydan çykanyndan soň, Hanna agyry bilen seredip, beýleki tarapyna öwrüldi. Äriniň näme diýýändigini eşitjek bolup, ol ses etmezlige synanyşdy, emma diňe uly gyzy Merýemiň tolgunýan sesini eşitdi:
— Kaka, men ony götersem bolarmy? Ol neneň owadan!
Elýakym gaty ýuwaş gepledi, şonuň üçin Hanna onuň näme diýenini aňyp bilmedi. Äri girende bolsa, Hanna oňa seredip, onuň näme barada oýlanýandygyna düşünjek boldy. Elýakymyň bakyşynda nägilelik görünmeýärdi, ýöne onuň keýpiniň ýokdugyna Hanna düşündi. Aýalyna tarap egildi-de, oňa bäbegi uzatdy. Ol özüni we aýalyny köşeşdirer ýaly näme diýip bilerdi? Olara ogul bermekligi Hudaý gerek däl hasaplady.
— Men ony söýýärin, — diýip, Merýem aýtdy.
— Biziň hemmämiz hem ony söýýändiris, — diýip, Elýakym çalt jogap berdi.
Ýöne Hanna baryna düşündi. Ogly kakasy bilen bile işlärdi. Ogly Hudaýa hyzmat etmek üçin sinagoga barardy we kakasy ondan hoşal bolardy. Eger kakasy aradan çykaýanynda-da, ogly ejesi barada alada ederdi. Olgy ulalyp, Ysraýyly kemsidýänlere garşy söweşerdi. Ýa-da bütin Ysraýylyň ol barada uzak wagtlap dileg edýän Halasgäri bolardy.
Gyz näme? Gyz öýüň gündelik işlerini etmeklikden başga näme peýda berip biler? Kakasy oňa mynasyp är gözläp tapýança, ol bary-ýogy iýmitlendirmeli bolan ýene bir agyzdyr.
— Men onuň adyna Dewora dakasym gelýär, — diýip, Hanna kellesini aşak sallap aýtdy. Bäbek uýasyndan-da ejiz görünýärdi we onuň ýüzi şeýle bir ýuwaşdy welin, hatda özüniň mähirliligi bilen ejesiniň ýüreginiň gysylmagyna mejbur edýärdi.
— Biz onuň adyna Merýem dakarys, — diýip, Elýakym aýtdy.
— Emma Merýem — bu
Elýakym elini gyzynyň kellesine goýdy-da, mähir bilen:
— Seniň jigiň
Hanna uly gyzyna ýüzlendi:
— Ruhdan düşme, mähribanym. Git-de, daşarda oýna, men kakaň bilen gürleşmek isleýän, — diýip, Hanna Elýakym bilen ýekelikde galdy. Hanna ärine üns bilen seretdi. — Sen başga at barada oýlanjak dälmi? Dewora — gowy atdyr. Merýem ady gaty kändir. Bu at Ysraýylda iň kän dakylýan at boldy.
— Ysraýylda ähli gyzlara şeýle at dakanlarynda, belki-de, Hudaý meniň dilegimi eşider! — diýende, Elýakymyň sesi titredi. Ýüzi gyzarany üçin ol aýalyndan öwrüldi. — Onuň ady — Merýemdir.
Şu sözleri aýdyp, ol öýden çykdy. Ejesiniň dynç almaklygy üçin Elýakymyň uly gyzyna joralary bilen daşarda oýnamaklygy buýrandygyny Hanna eşitdi.
Hanna bäbegiň ýüzüni öwrenýärdi.
— Merýem, — diýip, Hanna gyzyna pyşyrdady. — Meniň kiçijik gymmatbahaly Merýemim.
Iki gyzynyň hem atlarynyň «ajy, ejir çekýän» diýmekligi aňladýan atlarynyň bardygyndan Hannanyň ýüreginde agyry peýda boldy.
Düşeginde oturyp, Hanna çagany dyzyna goýdy. Ol gyzyny gundady-da, onuň ellerini sypalady we aýaklaryny synlady.
Bäbegiň kiçijik ellerinden we inçejik barmaklaryndan ogşanynda, Hannanyň ýaňaklaryndan gözýaşlar akdy. Kiçijik Merýemiň teni towşanyň ýüňünden hem ýumşakdy.
— Eý Hudaý, Hudaý, meniň gyzymyň ady ýöne «ajy we ejir çekýän» diýmekligi aňlatmasyn. Goý, ol «Hudaýdan gelen güýç» diýmekligi hem aňlatsyn. Goý, ol «Hudaý — onuň ýüreginiň galasy» diýmekligi aňlatsyn. Eý Hudaý, — diýip, Hanna gyzyny bagryna basdy. — Goý, Merýem ady biziň Hudaýa hiç bir gorkusyz boýun bolmaklygymyz hakda ýatlatsyn.
Birinji bap
Merýem hurma agajynyň aşagynda eli bilen ýüzüni tutup oturdy. Ähli gelinler hem Merýem kimin özleriniň ýitirilendigi we ejirdigi ýaly duýgulary başdan geçirýärlermikä? Çünki adamlar onuň geljegi barada bireýýäm çözgüt kabul edip, sowgatlar bilen çalşypdylar. Özüniň gaty az bilýän adamy bilen ýaşamaly boljakdygy baradaky pikir Merýemi gorkuzýardy. Merýeme diňe kakasynyň Ýusupdan gaty hoşaldygy we onuň üç ýyl mundan ozal Nasyra geleninde, kakasynyň oňa kömek edini mälimdi.
— Hanna, ol biziň tirämizdendir, — diýip, Elýakym Ýusup bilen sinagogadaky duşuşygyndan soň şatlyk bilen aýtdy. — Onuň asly Dawut şanyň neslindendir.
— Ol öýlenenmi? — diýip, ejesi sorady-da, Merýeme seretdi.
Elýakym tizara Ýusubyň Ýahuda tiresinden bolan Dawudyň neslinden özüne ýaş, dogruçyl we Hudaýdan gorkýan aýal gözleýändigini bilip, özüniň gyzynyň geljegini oňarjak boldy. Merýem ata-enesiniň isleglerini bilýärdi. Uýasy nasyraly birine durmuşa çykypdy we kiçi gyzlaryny hem özleriniň tiresinden bolan adama durmuşa berjekdiler. Elbetde, ol dogruçyl, mähirli we Merýemiň özi bilen onuň dogjak çagalaryny eklemäge ukyply bolmalydyr. Şonuň üçin hem Hanna bilen Elýakym tiz-tizden Ýusuby myhmançylyga çagyrardylar, çünki Ýusup olaryň gözleýän giýewisine laýyk gelýärdi.
— Näme üçin ol Beýtullahamdan özüne aýal tapmady? — diýip, bir gezek Merýem sorady.
— Näme üçin sen bu barada soraýaň? — diýip, ejesi nägilelik bilen aýtdy. — Hudaýyň ony şu ýere, biziň ýanymyza Nasyra iberendigine ýöne ynan.
Kakasy bolsa Hudaýyň bu ýönekeý ussa ýa-da saglygynyň ugry bolmadyk garyp bilen işi bardyr diýip ynanmaýardy.
— Her bir adam ýaly Ýusup hem iş tapmaklyga mätäçdir, Sepforis bolsa ulalyp barýar. Ussalar bilen daş ýonujylar bolsa, ol ýerde Beýtullahamdan kän pul gazanyp bilerler.
Erkekler toý barada ylalaşyp başlapdylar, emma Elýakym ölenden soň Merýemiň geljegini ejesi Hanna çözmeli boldy. Onuň bu soragyň çözgüdi bilen hyýallanasy gelmeýärdi.
— Kakaň seniň durmuşa çykmaklygyň bilen howlukmajak bolupdy, — diýip, ejesi aýtdy, — emma wagt biziň duşmanymyz bolup biler. Sen aýal bolmaklyga bireýýäm taýynsyň we biziň ýagdaýymyzy göz öňünde tutup, biz wagtymyzy ýitirip bilmeris. Merýem, indi bary oňat bolar. Sen barada özümize alada etmeklik gerek bolmaz.
Indi bolsa Merýem hurma agajynyň aşagynda oturyp, elleri bilen ýüzüni tutup oturdy. Ejesi bilen ikisi bilelikde pul gazanmaga başlasalar bolmazmy näme? Özüne bil baglaýanlar barada Hudaý alada etmekligi wada berýändir. Merýem bolsa Hudaýyň wadalaryna ynanýardy.
Merýem bar islegi — bu Hudaýa ýakynlaşmakdy. Onuň ýüregi Hudaýy küýseýärdi. Edil keýigiň suwy küýseýşi ýaly, Merýem hem Hudaýy küýseýärdi. Hudaýyň Müsürden alyp çykan adamlarynyň arasynda bolmaklygy Merýem neneň küýseýärdi! Ilkinji bolup kanuny eşitmeklik we Hudaýyň täsinliklerini: gaýadan akýan suwy, asman mannasyny görmeklik — bu nähili bagtdyr! Käwagtlar bolsa, Merýem özüniň erkek bolup dogulmanlygy üçin ah çekýärdi. Şonda ol Kumranyň gowaklaryna gidip, durmuşyny Hudaýa bagyşlap bilerdi.
Özüne durmuş tejribesiniň ýetmeýänligi sebäpli Merýem, belkide, öz duýgularyna doly düşünip bilýän däldir? Hudaýa bolan güýçli ymtylyş käwagtlar Merýemi kyn ýagdaýlara salýardy. Eger ol durmuşa çykmaly bolýan bolsa, onda nädip Hudaýy bütin ýüregi, bütin jany we bütin düşünjesi bilen söýüp bilsin? Borjy boýunça ärine hormat goýmaly bolanda, şol bir wagtyň özünde ol nädip, bütin durky bilen Hudaýa degişli bolup biler?
Ýöne muňa seretmezden, durmuşa çykmaklygyň oňat taraplarynyň bardygyny hem Merýem boýun alýardy. Aýallar örän ejizdirler. Kiçijik Nasyra şäherine ýakynlap gelýän rim goşunynyň atlarynyň aýak seslerini ol näçe gezek eşidipdi. Näçe gezek ol guýunyň boýunda öz meşiklerini suwdan dolduryp duran rimlileri görüpdi. Onsoň olar nägile bolan, emma boýun bolmaklyga mejbur bolan halkyň azyklaryny ellerinden alardylar. Käwagtlar rim esgerleri öz ýanlary bilen şäherden gyzlary äkidýärdiler we olary masgaralanlaryndan soň taşlap gidýärdiler. Goragsyz, esasan-da, ýaş aýalyň durmuşy çydar ýaly däldi. Her gezek atlaryň ýa-da esgerleriň aýak sesleri eşidilende, ejesi Merýemiň gaçyp, gizlenmelidigini öwredipdi.
Hudaý nirede? Ol Hudaýyň dünýäni ýaradanyndakysy ýaly şu wagt güýçlüdigini bilýärdi. Rimliler tarapyndan kemsidilmeklerine ýewreýleriň özleri günäkär dälmikäler diýip, Merýemiň öz-özüne sorag bermekligi dogrumyka? Merýem öz halkynyň taryhy bilen tanyşdy. Özüne dolandyrmak üçin Hudaýyň Öz halkyna geçmişde jeza berendigini ol bilýärdi. Näme üçin Ysraýyl nesilden nesle gulak asmazlyk ýoluna düşmeli bolduka? Bu ýene näçe wagt dowam ederkä? Haçan Hudaý Halasgäri ibererkä?
Özüni bileli bäri, Merýem öz halkyny rimlileriň süteminden halas etmekligini Hudaýdan dileýändigini eşidýärdi.
Wagt geler we Hudaý Halasgäri iberer. Adam ata bilen How enäniň Onuň rehiminden jyda düşenlerinden soň, Hudaý Ol Halasgäri wada beripdi we Ol Halasgär dogruçyllygy amala aşyryp, bar zady täzeden ýaradar. Merýem her gün Onuň gelmekligi hakda dileg ederdi... şu wagt hem ol hurma agajynyň aşagynda oturyp, öz düşünjesinde üstün bolan soraglary çözmäge synanyşyp, Ol barada dileg edýärdi. Ýurdunda parahatlygyň ýokdugyndan özüne ýer tapyp bilmän, Merýem Halasgär barada dileg edýärdi, özüniň geljegi bolsa, beýleki adamlar tarapyndan kesgitlenilipdi.
Merýem bularyň baryna düşünmeklige synanyşmaly däldir. Ol Ýusuba durmuşa çykar. Sorag bireýýäm çözülendi. Merýem ejesini hormatlaýardy we onuň erkini amala aşyrmaga taýyndy.
Birden Merýem ýeňil tikeneklemäni duýdy. Gözlerini galdyryp, öňünde duran erkegi görende, tas ýüregi saklanypdy. Gyzjagaz haýran galyp, oňa çiňerildi we onuň gorka düşen ýüregi agyr, dymyk ses bilen urýardy: ol hiç haçan-da beýle şanly-şöhratly adamy görmändi. Beýle bolmagy mümkin däldir, arkasyndaky şöhle saçýan gün oňa şeýle gorkunç görnüşi berýärmikä?
— Şatlan, eý merhemetli! Hudaý seniň bilendir!
Doňup galan Merýem, eşidenleri barada oýlanyp oturdy. Ol gözlerini ýumdy-da, ýene-de açdy. Erkek mähirlilik we sabyrlylyk bilen henizem oňa seredip durdy.
Onuň beýle salamlaşmagy näme aňladýarka? Hudaýyň saýlan bütin halkyna merhemetli diýip bolmaýarmy näme? Näme üçin ol Hudaý Merýem bilen diýdi? Belki-de, bu Hudaýyň Özüdir? Merýemi gorky gaplady we ol gözlerini ýummaga howlukdy, çünki Hudaýa sereden her kes ölýändir.
— Gorkma Merýem, çünki sen Hudaýdan merhemet tapdyň!
Bu sözleri eşideninde, Merýemiň ýüregi doňup galdy, çünki onuň iň uly arzuwy Hudaýa ýaranmaklykdy. Emma Hudaý Öz rehimine onuň mynasyp däldigini bilýärdi. Özi ýaly Ýusubyň hem Hudaýy güýçli söýýändigine seretmezden, oňa durmuşa çykmaklyga garşy bolan pikirlerini ýatlap, Merýem gyzardy. Ine-de, bu nätanyş kişi Merýemiň ýüregini şatlykdan dolduran gymmatbaha sözleri aýtdy.
Erkek kişi Merýeme ýakynlaşdy-da, aşak egildi.
— Sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň we Onuň adyna Isa dakarsyň.
Isa. Bu at «Hudaý — halas bolma» diýmekligi aňladýandyr.
Perişde sözüni dowam etdirdi:
— Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz!
Merýemiň agzy gurady. Eşidenleri ony aljyraňňylyga saldy. Özüniň Mesihi dogurjakdygyny nätanyş aýdýandyr! Merýem muny aňan badyna, oňa gara güýçleriň sesleri eşidildi.
Ýöne Merýem başga — ýuwaş we tanyş sesi hem eşitdi.
Merýem ýerinden turdy-da, perişdä seretdi.
— Bu nähili bolar? Men ärimi bilýän däldirin.
Perişde mähir bilen ýylgyrdy.
— Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler. Ine, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrylygynda göwresinde oglany bar! Önelgesiz diýilýäniň eýýäm altynjy aýy. Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur.
Merýem uludan demini alyp, ýylgyrdy we elini döşüne goýdy. Be! Elizabetiň çaga edinmegini gaty küýseýändigini Merýem bilýärdi. Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur! Elizabet garranda Yshagy dogran Sara meňzär. Elizabet öz ogluny Hudaýa bagyşlan Hanna ýaly bolar. Perişdäniň sözleri Merýemi ruhlandyryp, onuň ynamyny berketdi. Onuň garyndaşy Elizabetiň ýanyna baryp, bu täsinligi öz gözi bilen göresi geldi, emma Merýemiň öňünde henizem perişde durup, onuň jogabyna garaşýardy.
Eger ol ylalaşsa, onda Ysraýyl halkynyň bütin ömür garaşan Mesihiniň ejesi bolar. Emma näme üçin hut özüni Hudaýyň saýlandygyna Merýem düşünip bilmedi. Merýem sowatsyzdy we garyp gyzdy, şeýle hem, ol köp ýahudylaryň çola ýer diýip hasaplaýan şäherjiginde ýaşaýardy. Ýöne sinagogada mugallymy diňläp, Merýem Hudaýyň Öz maksadyna ýetmekligi üçin ýönekeý we tanymal bolmadyk adamlary ulanýandygy barada eşidipdi. Merýemiň kim bolandygy wajyp däl. Hudaý Öz wadasyny ýerine ýetirer. Hudaýyň perişdesi Merýemiň Hudaýyň niýetine gatnaşmagyny soraýar. Merýemiň ýüregi-de şatlyk bilen «hawa» diýip gygyrýardy.
Ýene-de garaňky güýçleriň sesleri eşidildi.
«
Bar edermenligini ýygnap, Merýem gözlerini galdyrdy.
— Men Hudaýyň guludyryn, — diýdi-de, Merýem ellerini öňe uzatdy. — Men onuň diýýänleriniň bary bilen ylalaşýaryn. Goý, Seniň sözüň boýunça bolsun.
Gürrüňini gutaran dessine perişde gözden ýitdi. Merýem gorky bilen ah çekdi. Eger töweregindäki howa yrgyldaýan bolmasa, onda bularyň bary diňe görnüşdir diýip, Merýem oýlanyp bilerdi. Geň galan Merýem ellerini döşüne goýdy, emma Hudaýyň perişdesiniň gorkmazlygy buýrandygyny ýadyna saldy. Uludan demini alyp, Merýem dyzyna çökdi we kellesini galdyryp, ellerini göge galdyrdy.
Gökden inýän buludy görende, Merýemiň bedeni tikenekläp gitdi. Buludyň kölegesi gyzy örtdi we ol ellerini döşüne gysdy. Gözlerini ýumup, Merýem baharyň gülleriniň, ýeriň we asmanyň yslaryndan dem aldy. Özüni dolduran duýgulardan ol özüni ýyly duýdy. Merýem birsalym demini saklap durdy. Birsalymlap daş-töwerekde bar zatlar doňan ýaly boldy. Ýekeje-de ses eşidilmedi we edil bütin dünýä bir zatlar barada çuňňur oýa giden ýalydy.
Welilik ýerine ýeter we Jeliläniň şäherinden bolan ýönekeý gyzdan doguljak Hudaýyň Ogly Dawudyň neslinden gelip çykar.
* * *
Ýusup gorky bilen Merýeme seretdi.
— Seniň pikiriňçe, men bu gürrüňe ynanarynmy?
Onuň bagtly geljege bolan umytlarynyň bary puja çykdy. Merýem ýaly ýaş, mähirli, Hudaýdan gorkýan gyz özüni aldap biler diýip, Ýusup oýlanybam ýetişmändi.
— Ýok! — diýip, ol gulaklaryny elleri bilen ýumup aýtdy. Ýusup gözlerini açdy we otagyň bir burçunda aglap oturan Merýemiň ejesi Hannany gördi.
Diňe Merýem rahat galypdy.
— Maňa ynanaý, Ýusup, — diýip, Merýem oňa seredende, onuň bakyşy günäsizdi. Ynanaý maňa! Seniň ynanjakdygyňy men bilýärin.
Özüni Ýusubyň bir söz bilen öldürip biljekgini bilibem, nädip Merýem rahat bolup bilýärkä?
— Göwreli bolmagyň diňe bir usuly bardyr.
— Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur.
— Mesihi dogurmagyň üçin Hudaý
Merýem onuň degişýän ýaly edip aýdan sözlerine güldi-de, şatlandy.
— Güýçlüleri masgaralamak üçin Hudaý ejizleri saýlaýan dälmidir? Eý Ýusup, — diýip, Merýem tolgunma bilen ellerini gysdy. — Hudaý hakda oýlan. Hudaýyň saýlawy adama düşnüksizdir. Ol adamyň gollanmasyndan gollanýan däldir.
— Men muňa ynanyp bilmeýärin.
Ýusup bu öýden gitmelidir. Ol Merýemi görüp durup, akylly oýlanyp bilmez.
— Ýusup! — diýip, Hanna ýerinden turdy-da, onuň yzyndan ylgady. — Ýusup! Haýyş edýän! — diýip, Ýusubyň öýden çykyp, gaşyny ýapmanynda ejesi ýuzlendi. —
Ýusup inçe köçeden şäheriň çetine tarap gitdi. Özüniň şeýle haldadygyny adamlaryň görüp, sorag bermeklerini Ýusup islemeýärdi. Ol baryny täzeden oýlamalydyr!
Nasyra bireýýäm yzda galandan soň, Ýusup möňňürip aglady. Indi ol näme etmelikä? Özüne kömek eden we özi bilen bir tireden bolan adamyň gyzynyň Merýemdigini Ýusup ýadyndan çykarmalymyka? Merýemiň başga erkekden bolan çagany göwresinde göterýändigine ol üns bermän bilermi?
Merýem gaty ýigrenç günä baş goşupdyr! Eger indi ol Merýeme öýlenäýse, onda adamlar Ýusuby barmaklary bilen görkezerler. Merýemiň ady bilen bilelikde Ýusubyň oňat adyny hem biabraý ederler. Adamlar uzak wagtlap olar barada gybat ederler. Çaga doglanynda näme bolar? Hemmeler onuň nikadan öň dörändigini bilip, Ýusubyň ata-enesiniň arkasyndan pyşyrdaşarlar.
Näme üçin aýallar şunuň ýaly ejizdirler? Näme üçin olary aldamak gaty ýeňildir?
Ýusup gahar bilen aýak basdy. Kim muny etdikä? Bigünä ýetimiň göwnüne kim degip bildikä? Näme üçin Merýem öz günäsini aklajak bolup, şeýle gülkünç we bolgusyz ýalany oýlap tapdy? Ýusubyň ýüzi çytyldy. Perişde gelip, onuň Hudaýyň Ogluny dogurjakdygyny aýdypdyr! Aklynda bolan adamlaryň haýsy biri muňa ynanarmyş?
Elýakym Merýemi aýallyga almagy Ýusuba teklip edende, Ýusup gaty ruhlanypdy we onda umyt peýda bolupdy. Indi bolsa ol betbagtçylygyň öňünde dur. Eger ol Merýemiň günäsini aýan etse, onda ol Elýakymyň gyzynyň daşlap öldürilişine syn etmeli bolar. Merýem bilen bolsa, onuň garnyndaky çaga hem öler.
Ýusup özüniň pikirleriniň gazaplylygyndan özi gorkup, gygyrdy:
— Eý Hudaý, maňa kömek et! Men näme etmeli? Näme üçin Sen maňa beýle betbagtçylygy iberdiň? Men bütin ömür Seniň kanunlaryň boýunça ýaşamaklyga synanyşmadymmy näme?
Ýusup ýerde oturdy-da, elleri bilen saçlaryna ýapyşdy. Ol dişlerini gyjatdy we gözlerinden lapykeçligiň gözýaşlary akdy.
— Näme üçin, eý Hudaý? Näme üçin? Düşündir!
Gün ýaşypdy, emma näme etmelidigini Ýusup henizem çözmändi. Ýadawlyk bilen aýagyna galyp, öýüne tarap ýola rowana boldy. Şäher köçeleri bireýýäm boşapdy, hiç kim beýle giç wagt öýüne dolanmaýardy. Ýusup özüniň ussahanasyna girdi-de, iş stolunyň ýanynda oturdy.
— Hudaý, Sen nirede? Seniň maslahatyňa mätäçkäm, Sen niredesiň?
Ýusup maslahat üçin mugallyma ýüz tutmaklyk barada oýlandy, emma mugallymyň syr saklajakdygyna ynamly däldi. Özüniň näme etmelidigini çözmezden ozal, Merýemiň eden işi barada kimdir biriniň bilmegini islemeýärdi. Ol özüniň ýasan boýunturugyny elledi-de, guralyny eline aldy. Belki-de, ol iş başynda rahatlanar.
Merýemi höküm eder ýaly Ýusup kimmişin?
Ýusup kanuny berjaý edýärdi, emma ol goýlan däpleri ýüreginiň emri bilen etmeýändigine düşünýärdi. Ol sinagogada ençeme sagat geçirerdi, ondan bir we gurbanlyklar baradaky ýazgylary ýerine ýetirerdi, ýöne ýüreginiň töründe bolsa, rim ezijilerine, satyn alnan mugallymlara we kanunyň özüniň agyr ýüklerine garşy pitne turuzýardy.
Bu gapma-garşylyklary ýerbe-ýer etmäge kim oňa kömek edip bilerdi? Rim esgeriniň aýallaryň üstlerinden gülýändigini göreninde ýa-da mugallymyň garyplaryň öňünde durup, ondan biri baradaky taglymaty düşündirýändigini eşidende, ýa-da baý hojaýynyň işgäre zähmet hakyny tölemekden boýun gaçyrýandygyny görende, ýa-da hiç zat bermändikleri üçin käbirlerini näletleýän garyby görende, Ýusup gazap donuny geýýärdi. Iýerusalimdäki ybadathanada sansyz-sajaksyz gurbanlyklar berendigine seretmezden, Ýusup özüni günälerinden doly arassalanan ýaly duýmaýardy. Gurbanlyk guzusynyň gany onuň günäleriniň üstüni örterdi, emma soň ol ýene-de günä ederdi. Ol dogruçyl ýaşamaklygy isleýärdi, emma ýene we ýene işi şowna barmaýardy.
Düşeginde uzalyp ýatyp, Ýusup elleri bilen gözlerini ýumdy. Ol gelinligi bilen näme etmelidigini henizem çözüp bilenokdy. Merýemiň eden günäsiniň jezasy nähili bolmalydygy kanunda anyk ýazylandy, emma Merýemiň öldürilmelidigi baradaky pikir Ýusubyň ýüregini parçalaýardy. Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri diýip çözdi-de, Ýusup gözlerini ýumdy. Emma düýşünde-de Ýusuba garabasma azar berdi: ol gazaply sesleri we gyzyň çirkin gygyrýan seslerini eşitdi. Ýusup gaçmaga synanyşdy, emma onuň aýaklary çägä gömüldi. Ol çägeden aýaklaryny çykarýança, garaňkylyk ony gabady we bu garaňkylykdan kimdir biriniň sesini eşitdi:
— Dawut ogly Ýusup, — diýlen başga bir ses geldi. Bu sesi öň ýekeje gezek hem eşitmändigine seretmezden, ol ony eşiden dessine tanady. Ýusubyň üstünde ap-ak eşikli perişde durdy, — Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma, çünki onuň göwresindäki Mukaddes Ruhdandyr; Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder.
Ýusup ýekeje-de sözi sypdyrmajak bolup diňleýärdi, ýüregi bolsa şatlykdan titreýärdi. Ol Mesihiň geljekdigi barada bütin ömri eşidipdi. Dawudyň döwürlerinden soň, ýahudylar Ysraýylyň duşmanlaryny ýeňip biljek patyşa garaşýardylar. Galyberse-de, wada berlen Mesih bütin dünýäniň üstünden höküm sürer. Ahyry wagty doldy — Hudaý Özüniň bellänini — Mesihi iberýändir. Ýusup hem Ony görer. Ol Mesihiň ejesiniň ýanynda durup, Hudaýyň Ogluny gorar.
Ýusup iňledi we gapdalyna öwrülip, gözlerini açdy. Garaňkylyk ony gabapdy. Gorky onuň janyny zynjyrlapdy, emma ine-de, kimdir biriniň ýuwaş sesi eşidildi:
—
Çölde azaşany suwsamaklygyň eýeleýşi ýaly, Ýusuby-da dogruçyllyga bolan güýçli ymtylyş eýeledi. Ol özüniň atalarynyň atasy bolan Dawudyň sözlerini ýadyna saldy: «Hemmeden beýik Bolanyň gizlin ýerinde oturan Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutar... Gijäniň howpundan gorkmarsyň, çünki seni goramaklyk barada Ol Öz perişdelerine buýruk berer. Hudaýyň Özi ony gorar».
Garaňkylyk aýryldy we penjirä seredip, Ýusup ýyldyzlary gördi. Ol uzak wagtlap olara seretdi. Ýylgyrdy-da, ol ýene-de uka batdy.
* * *
Hanna şatlygyndan aglady, Merýem bolsa özüne Ýusubyň çaltlyk bilen öýlenmeklik çözgüdine geň galmaýan ýalydy. Ol otagdan geçip, Ýusubyň ýanyna bardy-da, onuň elinden tutup, şeýle diýdi:
— Men garyndaşym Elizabeti görmelidirin.
Ejesi garşy çykdy.
— Sen näme üçin ol ýere gitjek? Elizabet daglarda ýaşaýandyr, bu agyr syýahat bolar...
— Ejejan, seniň diýýäniň wajyp däl. Elizabet göwrelidir.
— Eger sen Ýusuba durmuşa çykyp, dessine daglyk ýurda gitseň, onda adamlar näme diýerler?
— Eger Hudaý meniň şol ýere gitmegimi isleýän bolsa, onda adamlaryň diýýänleriniň näme parhy bar?
Elizabetiň ýanyna bolan syýahatyň birnäçe kynçylygy çözjekdigini Ýusup bilýärdi. Merýemiň Mukaddes Ruhdan göwreli bolup, Mesihi dogjakdygyny Nasyranyň ýaşaýjylaryna aýtmalydyklaryny perişde Merýem bilen Ýusuba buýurmandy. Eger bu mälim bolsa, onda näme bolar? Çaga üçin bu nähili howp bolar? Merýemiň göwrelidigi aýan bolanda, şäherde myş-myşlar dörär. Ýöne olar Elizabetiň ýanyna gitseler...
— Merýem bilen toý edenimizden soň dessine biz onuň garyndaşyny görmäge gideris.
— Myş-myşlar başlar, — diýip, Hanna duýdurdy.
Hawa, adamlar gybat ederler, Merýemden-de Ýusuby höküm ederler.
* * *
Merýemiň göwreliligi mälim bolandan soň, Nasyranyň ýaşaýjylarynyň käbirleri näme üçin Ýusubyň öýlenmäge howlugandygyna düşündiler. Aýallar guýunyň başynda pyşyrdaşýardylar, erkekler bolsa, sinagogada başlaryny çaýkap, agyzlary bilen juk-juk edýärdiler. Hakykatda olar Ýusubyň ussa bolup, özleriniň şäherlerine Beýtullahamdan gelenden başga ol barada näme bilýärdiler? Betbagt Elýakym. Ol agaç ussasyna ynanypdy, çünki bu ussa onuň garyndaşy bolup, Dawudyň neslindendi. Elbetde, kanunlaşdyrylmazyndan ozal Ýusup özüniň är hukugyndan peýdalanandygy indi mälim bolanyndan soň, Elýakymyň süňkleri dady-perýat edýärdi. Şäheriň käbir ýaşaýjylary mugallymyň ýanyna baryp, şeýle hereketleriň Nasyrada aklanylýandygy barada ýaşlaryň oýlanmazlary ýaly, Ýusup bilen Merýemi jezalandyrmagy talap etdiler. Ýusubyň şertnamada kanunlaşdyrylan hukugyna laýyklykda hereket edendigini, sowgatlar berlip, gerekli kagyzlaryň ýazylandygyny mugallym düşündirdi.
Sinagoganyň yzky bölegindäki ýarym garaňkylykdan ses geldi:
—
Mugallym Töwraty okamaklygyny birsalym bes etdirdi.
—
Erkekleriň biri ýerinden turdy, onuň ýaňaklary gyzarypdy.
— Ol mamla!
Beýlekiler onuň bilen ylalaşdylar.
Garry mugallym rahatlygy saklap, elini galdyrdy.
— Kanun iki şaýady talap edýändir. Goý, olar öňe çyksynlar.
Üýşüşen erkekleriň arasynda pyşyrdy güýçlendi, emma hiç kim-de ýerinden gymyldamady. Erkekler bir-birlerine seredýärdiler. Mugallym sandyrap, ýene-de Töwraty açdy.
— Hudaý şeýle-de töhmet atýan ýalan güwäçileri we doganlarynyň arasynda dawa turuzýanlary hem ýigrenýändir, — diýip, ol ýuwaş aýtdy, emma onuň her bir sözi aýdyň eşidilýärdi.
Aklawjy aýryldy.
Şu wakalardan soň rim esgerleri hökümdar Awgustyň buýrugyny Nasyrada yglan etdiler we Merýem bilen Ýusup baradaky ähli gürrüňler bes edildi. Rim hökümdarlygynyň ähli ýaşaýjylarynyň täzeden ýazylmaklary başlandy. Halk aljyraňňylyga düşüpdi. Özüniň kararynyň nähili tertipsizligi döretjekdigini rim «hudaýy» düşünýärdimikä? Buýruk şeýledi: her bir adam täzeden ýazylmaklyk üçin özüniň doglan şäherine gitmelidi.
Ikinji bap
Kaýsaryň buýrugy barada eşidip, Ýusup ilki gorkdy. Ol stoluň başynda oturan iki aýala seretdi: olaryň biri gaty ýaş we görmegeýdi welin, hatda oňa seredende, Ýusubyň ýüregi gyýyldy, beýlekisi bolsa, ulurak görünýärdi we soňky hepdäniň içinde ýaýran elhenç myş-myşlar zerarly gaty aladaly görünýärdi.
— Biz Beýtullahama gitmelidiris, — diýip, Ýusup ýuwaşja aýtdy. Näme etmelidigini ol aýallara düşündirdi. Merýem ejesine seretdi, Hanna bolsa başyny çaýkap, sesini çykarmady.
— Ýusup, Merýem tizden dogmalydyr.
— Biz kanuny ýerine ýetirmelidiris.
— Kimiň kanunyny biz ýerine ýetirmelidiris? Sen özüni hudaý diýip yglan eden rim hökümdary üçin meniň gyzymyň janyny howp astyna salarmyň?
Ýusup öňe egildi-de, Hannanyň elinden tutdy.
— Ýazgyda ýazylanlar berjaý bolýandyr, ejejan, — Halasgäriň Beýtullahamda doguljakdygyny Ýusup ýaşlygyndan bilýärdi. — Mikaýa pygamber şeýle diýipdi: «Eý Ýahudanyň müňleriniň arasynda hemmelerden ýaş bolan Beýtullaham Eprata! Men tarapdan Ysraýyla hökümdar boljak adam senden çykar, Onuň çykyşy gadymdan, has irki wagtdandyr… Ol durup, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň adynyň şöwketi bilen sürüni bakar».
Merýem adamsyna seredende, gözleri ýalpyldaýardy. Tolgunma bilen ol ejesine seretdi.
— Ejejan, sen biziň bilen gidip bilersiň. Ýör, Hudaýyň beýik gününiň gelşini görersiň.
— Hawa, — diýip, Ýusup Hannanyň ellerinden tutup aýtdy.
— Ýok, — diýip, Hanna bada-bat jogap berdi we ellerini çekip aýyrdy. — Meniň öýüm şu ýerde, Nasyradadyr. Merýemiň öýi hem şu ýerdedir! — Hanna ýerinden turup, başyny dik tutup, Ýusupdan sorady. — Beýle syýahat barada sen nädip oýlanyp bilýäň, Merýem tizara dogmalydyr ahyryn?
Ýusup Hanna düşünýärdi. Ol ejedi we söýgüli gyzynyň dogmaly pursadynyň şeýle ýakyn bolanynda, onuň Beýtullahama gitmegini islemeýärdi.
— Eger bolýan wakalara Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetýändigi ýaly seredip bilmeseň-de, muny biziň nikamyzyň daşyndaky gybatlardan gaçmaklygyň serişdesi hökmünde kabul et.
Hanna giýewisine tarap bakdy.
— Diýmek, sen diňe özüň barada oýlanýarsyň! Meniň gyzyma abanjak howp seni hiç-de aladalandyrmaýar.
— Ejejan! — diýip, haýran galan Merýem ejesine ýüzlendi.
Ejesi ýalbarýan ýaly edip gyzyna seretdi.
— Merýem, sen bu barada oýlanyp hem bilýän dälsiň. Sen bolsa, — diýip, ejesi ýene-de Ýusuba bakdy, — gyzymyň hut şu wagt, maňa mätäç wagtynda, ony menden äkitjekdigiňe ynanyp bilmeýän.
Merýem üns bilen Ýusuba seretdi. Ol Hannanyň aýdýanlarynda azajyk bolsa-da, hakykat barmyka diýip, gözlerini aşak sallap, öz-özünden sorady. Kaýsaryň buýrugyna hut şeýle seretmeklik bilen, Ýusup ýalňyşýan dälmikä? Özge ýurtly hökümdaryň geň isleglerini ýerine ýetirmeklik bilen, ol Merýemiň durmuşyny howp astyna salmaýarmyka? Ol Beýtullaham baradaky pygamberlige üns bermän, syýahaty goý bolsun etmelimikä?
Merýem başyny egip, şeýle diýdi:
— Men öz adamymyň yzyna düşmelidirin.
— Sen öýde galyp, çaganyň doguljak pursadyna garaşmalysyň.
— Sen Ruty ýadyňdan çykardyňmy?
— Rut barada maňa hiç zat aýtma, — diýip, ejesi gazap bilen gygyrdy. — Bu waka gaty ir bolupdy. Galyberse-de, Rut özüne Hudaý barada gürrüň beren gaýyn enesi üçin özüniň butparaz - ata-enesini galdyrdy.
— Ejejan, haýyş edýän, meni goýber, — diýip, Merýem ýumşaklyk bilen sorady.
— Ýok! — diýdi-de, Hanna ýüzüni elleri bilen örtüp, titräp aglady. — Hudaýyň Halasgärini göwresinde götermekden başga meniň gyzym üçin uly sylag bolup bilmez diýip oýlapdym, emma siz meniň ýüregimi dilim-dilim edýärsiňiz. Seniň howpsuzlykdadygyňy we janyň bolsa, amandygyny men nädip bilerin?
Merýem ejesiniň ellerinden tutup, ýaňaklaryna degirdi.
— Hudaý Öz Ogluny goramaz öýdýäňmi? Hudaýyň Öz wadasyny ýerine ýetirmedik wagty boldumy näme?
Ejesiniň gyzyny gujaklanynda, Ýusup Hannanyň gözlerinde agyryny gördi. Çaga dogurmaklygyň gaty agyrdygy hakda Ýusup eşidipdi, hem ene, hem çaga howp astyna salnypdy. Merýemiň dogmaly pursady gelende, kim oňa kömek berer?
— Haýyş edýän, Hanna. Ýör biziň bilen — diýip, Ýusup gaýyn enesine ýüzlendi.
Birsalymlap gaýyn enesi oýlandy-da, soňundan bolsa başyny ýaýkady.
— Ýusup, Elýakym hem, men hem şu ýerde dogulandyrys. Men şu ýerde galmalydyryn, sen bolsa Beýtullahama gitmelisiň. Belki-de, Hudaýyň erki — gyzymy seniň bilen goýbermekligimdedir, — diýip, Hanna ýylgyran boldy. — Erkek bilen aýalyň ata-enesini taşlap, olaryň bir ten boljakdyklary Ýazgylarda ýazylan dälmidir ahyryn? — diýip, ejesi Merýemiň kellesini sypalady. — Sen mamlasyň, mähribanym. Sen öz adamyň bilen gitmelisiň. Uýaň bilen onuň adamsy men barada alada ederler.
Merýemiň ýüzi ýylgyryş bilen ýagtaldy.
— Elbetde, sen olar bilen Iýerusalime Pesah baýramyna bararsyň. Şonda biz ýene-de duşuşarys.
Hannanyň gözleri öl boldy, emma ol ýekeje-de söz sözlemedi. Ol özüni gülmäge mejbur etdi, onsoň Merýem adamsynyň ýanyna baryp, onuň elinden tutanda, ejesi olardan beýleki tarapa öwrüldi.
— Ýusup, biz Beýtullahama gideris. Biz ol ýerde ýazylarys, onsoň bolsa Hudaýyň goragy astynda Iýerusalimiň golaýynda ýaşarys.
Bu sözleri eşidende, Ýusuby şatlyk tolgunlary doldurdy, emma tukat ses bu şatlygy basdy.
* * *
Köp oýlanmalardan soň Ýusup şeýle karara geldi: pul töläp, Nasyranyň üstünden geçýän mesopotamiýaly kerwenleriň birine goşulmaklyk akylly bolar. Çaganyň dogulmaly pursadynyň ýakyn bolany sebäpli, ol Merýem bilen mümkin boldugyndan çaltlyk bilen ýurduň günortasyna baryp ýetmelidir. Şol sebäpli-de, olar syýahatçylar üçin ýeňil bolan Ortaýer deňziniň jülgelerinden ýa-da Iordanyň düzlüginden däl-de, daglaryň üstünden geçýän köne söwda ýollaryndan gitseler gowy bolar. Daşary ýurtly adamlar bilen syýahat etmeklik Ýusuba ýaramaýardy, ýöne şeýle etseler, olar garakçylardyr ýyrtyjylardan goragly bolarlar.
Nasyradan gidenlerinde, Merýem aglady, onuň gözýaşlary zerarly keýpden gaçan Ýusup ýekeje-de söz aýtmady. Tizara beýik jelile baýyrlary yzda galdylar. Gündogarda bolsa Tabor dagy beýgelýärdi. Ýusup ýygy-ýygydan yzyndaky eşekde oturyp gelýän ýaş aýalyna bakýardy.
Merýem başyny aşak sallap barýardy, emma Ýusup onuň soňky sagatlaryň içinde eşegiň gaňňasyndan berk ýapyşýandygyna üns berdi. Merýem ýekeje söz aýtmady, ýekeje gezek-de zeýrenmedi, diňe bir gezek başyny galdyryp, sessiz lapykeçlik bilen ärine seretdi: daglardaky syýahatdan onuň gaty ýadandygy mälimdi.
— Ýusup, meniň pyýada gitmekligime rugsat ber, — diýip, Merýem sorady.
Ýöne onuň pyýada gitmekligine Ýusup razylyk bereninde, Merýem öňküsinden-de çalt ýadady.
Gijäni geçirmeklik üçin düşlänlerinde, Merýem uklamazyndan ozal biraz garbandy. Şu günüň dowamynda ilkinji gezek ýylgyryp, Merýem iki bükülip, elleri bilen garnyny örtdi we bada-bat uka batdy. Ýusup onuň ýanynda oturyp, doga edýärdi. Gün ýaşdy. Merýem sowukdan titräp başlanda, Ýusup onuň ýanynda ýatyp, öz dony bilen aýalynyň üstüni örtdi.
Ertesi gün olar ajaýyp Ýizrel jülgesinden geçdiler.
— Ýusup, seretsene, neneň arassa howa, — diýip, olar tokaýjyk bilen gidenlerinde Merýem ýylgyryp aýtdy.
Gülli meýdanda aýalynyň biraz dynç almaklygy üçin Ýusup eşegi bir çete çekdi. Meýdan gülleriniň birini alyp, ony Merýem äriniň gulagyna degrende, Ýusup şatlykdan ýaňa bökjeklemäge taýyndy.
— Ýusup, seret, ýer Hudaýy nädip şöhratlaýar! — diýip, ellerini mawy asmana galdyranda, Merýemiň gözleri ýalpyldaýardy. — Eý Hudaý, biziň Hudaýymyz, bütin ýer Seniň adyňdan doly! Seniň şöhratyň göklerden-de ýokarydyr!
Ýusup aýalynyň elinden tutup, ony ogşady. Ol Merýemi neneň söýýärdi!
* * *
Soňky birnäçe günleriň içinde Ýusup bilen Merýem gijäni geçirmeklik üçin çeşmeleriň boýlarynda düşlediler. Onsoň daglara bolan uzak we agyr ýokary galmaklyk başlandy. Syýahatyň ýedinji güni özleriniň bile barýan kerwenleriniň gaty uzaklaşandygyna Ýusup ýüzüniň çytyklygy bilen syn etdi. Hudaýyň dynç alyş gününi ýerine ýetirmekleri üçin Ýusup bilen Merýem saklanmalydylar. Ertesi gün kerweni ýetjekgiklerini Ýusup bilýärdi, çünki agyr ýükli düýeler ýeňil aýal bilen syýahat üçin niýetlenen agyr bolmadyk ýükli eşekler ýaly çalt ýöräp bilmeýärdiler. Muňa seretmezden, Ýusup alada galdy.
Merýem çöregi bölüp, ärine uzatdy. Onuň näzik barmaklary Ýusubyň eline degdi.
— Hudaý bizi goraýandyr, Ýusup.
Merýemiň gözleri kepderiniň gözleri ýaly ýuwaşdy, ýöne onuň ynamynyň güýjüni arslanyň güýjüne deňeşdirip bolardy.
Ertesi gün agşamara olar kerweniň yzyndan ýetdiler we haýallyk bilen ýöreýän düýelerden öňe geçmejek bolup, olar ýuwaşlyk bilen ýöräp başladylar. Olar Gilbowa daglarynyň ýanyndan geçdiler. Bu ýerde Sawul şa öz ogly Ýonatan bilen piliştiler tarapyndan öldürilipdiler. Onsoň olar Dotanyň ýanyndan geçdiler. Bu ýerde Ýakubyň ogly Ýusup öz doganlary tarapyndan Müsüre gulçulyga satylypdy. Hudaýyň ýanyp duran jeňňelden Musa bilen gürleşip, ony Özüniň saýlan halkyny gulçulykdan azat etmekligi üçin goýberenine dört ýüz ýyldan-da gowrak wagt geçipdi. Kyrk ýylyň içinde kesir adamlar çölde beýewan boldular, ahyrynda bolsa olaryň çagalary wada berlen ýurda giripdiler.
— Tizara wada berlen ýer ýene bize degişli bolar, — diýip, Merýem aýtdy-da, garnyny sypalady. — Hudaý adalaty dikelder.
* * *
Dogurmaklyk wagtynyň ýakynlaşdygyça, Merýem üçin syýahat agyrlaşýardy. Her gezek Ýusup Merýemiň öňe egilip, eşegiň boýnundan berk ýapyşanynda, ol gaty howsala düşýärdi. Merýem az gürleýärdi, ýöne onuň tizräk sag-aman Beýtullahama baryp, ol ýerde çaganyň dogulmaklygy üçin ýer tapmaklary barada doga edende, dodaklarynyň gymyldaýandygyny Ýusup görýärdi. Ýusup hem bu barada dileg edýärdi.
Kerwen Şomroma şäheriniň diwarlarynyň alnynda saklandy we Ýusup täjirleriň çaltlyk bilen öz harytlaryny satyp, ýene-de ýola düşmeklerini Hudaýdan diledi. Bu samarýan şäheridi we samariýalylar ýehudyny, onuň aýalyny ýeňillik bilen öldürip hem bilerdiler. Onsoň Ýusup we Merýem kerwen bilen sünnetlenmedik butparazlaryň baý şäheri bolan başga bir samarýan şäherine, Şekemiň günortasyna tarap gitdiler. Hut şu şäherde Ýakubyň guýusynyň ýerleşýändigini göz öňüne getirmek kyndy! Samariýany taşlanlarynda, Ýusup aýagynyň tozanyny kakdy.
Kerwen Silomyň ýanyndan geçdi. Bir wagtlar bu şäherde Hudaýyň äht sandygy saklanypdy. Indi bu harabaçylygyň ornunda gurlan täze şäherdi. Ýusup bilen Merýem Beýteldäki sinagogada doga etmek üçin kerwenden aýryldylar, çünki hut şol ýerde Ybraýym gurbanlyk getiripdi, Ýakup bolsa, merdiwan boýunça göklere çykyp, aşak düşýän perişdeleri görüpdi. Ýusup bilen Merýem diňe Ram şäherine girenlerinde, mukaddes şäher Iýerusalimi we ýaşyp barýan günüň şöhlelerinde ýalpyldaýan beýik ybadathananyň gümmezlerini görüp bildiler.
— Merýem, ýene bir gün garaş, — diýip, Ýusup haýyş etdi. Merýemiň çalt ýadap, halynyň erbetleşýändigi üçin Ýusup tolgunýardy.
* * *
Merýem bilen Ýusup Iýerusalime girenlerinde, hemişekisi ýaly bu ýer gaty şowhunlydy. Rim esgerleriniň bir topary özleriniň yzlaryndan synlalaýançalar Ýusup eşegi haýallyk bilen ýöretmeklige synanyşdy. Öňde Mark Antoniýanyň ady dakylan gala bilen altyn çaýlan diňli ybadathana beýgelip durdy. Ýusup Merýemiň elinden tutup ogşady.
— Hudaýyň ýoly ynsanyň ýoly däldir — Halasgär mukaddesleriň mukaddesi bolan Sionda dogular öýdüpdim.
Olar Beýtullahama garaňky aralaşanda baryp ýetdiler. Esasan, diňe çopanlar ýaşaýan bu kiçijik şäherjik indi adamdan doludy. Bu adamlaryň bary Dawudyň neslinden bolup, kaýsaryň buýrugyny ýerine ýetirmeklik üçin özleriniň dogduk mekanlaryna gelipdiler. Ýazylmaklyk üçin nobaty tapmak kyn däldi. Ýusup hem aýaly Merýem bilen adamlaryň yzyndan durup, nobaty gelende öz adyny we maşgalasynyň agzalarynyň sanyny aýtdy.
— Ýahuda tiresinden bolan Ýusup, bu bolsa meniň aýalym Merýem.
Rimli Merýemiň ýagdaýyny görmek üçin kellesini galdyrdy. Ol çaganyň bardygyny aňladýan bellik goýdy, — salgyt hiç haçan-da artyk bolmaz.
— Indiki! — diýip, ol Ýusup bilen Merýeme artyk üns bermän, gygyrdy.
— Eý, Ýusup, — diýip, Merýem öňe egilip, garnyny tutup aýtdy.
— Men biziň üçin otag gözläýin.
Ýusup aýalyny gujaklady-da, onuň ýerinden galmaklygyna kömek etdi. Her burçda hökümdaryň buýrugyndan nägile bolan syýahatçylar toplanyşýardylar. Ýusup ýene-de Merýemi eşege mündirdi, emma eşegiň her bir ädimi Merýemiň agyrylaryny güýçlendirýärdi. Ýusup aýalynyň gözlerine seredip, munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol birnäçe gezek howlularyň derwezeleriniň alnynda durup, hojaýynlaryň şol bir jogabyny eşitmeli boldy:
— Ýer ýok. Gaýdyberiň!
— Ýusup! — diýip, Merýem zordan demini alyp, eşegiň boýnundan berk ýapyşdy. — Eý, Ýusup.
Ol hiç haçan-da Merýemiň gözlerinde şeýle aljyraňňyly gorkuny görmändi we bu Ýusubyň özüni-de gorka salýardy. Ýykylmajak bolup Merýem eşegiň boýnundan berk ýapyşdy. Soňky myhmanhananyň diwarynyň ýanynda Ýusup ony seresaplylyk bilen eşekden düşürdi. Onsoň gapyny kakdy.
— Haýyş edýän! — diýip, gapyny hojaýyn açanda, Ýusup oňa ýüzlendi. — Belki biziň üçin otagyňyz bardyr? Meniň aýalym dogjak bolýar.
Hojaýyn Ýusubyň arkasyndaky Merýeme seretdi-de, ýüzüni çytdy.
— Bu ýerde siziň üçin otag ýokdur. Aýrylyň bärden!
— Rehimiňiz gelsin! — diýip, hojaýyn gapyny ýapyp ýetişmänkä, Ýusup ondan berk ýapyşdy. — Haýyş edýän! Rehim et!
— Näçe isleseň-de, haýyş ediber, — diýip, jaýyň hojaýyny aýtdy, — emma bu hiç zady-da üýtgetmez! — Hojaýyn Merýeme seredende, onuň gözlerinde rehimdarlyk peýda boldy. — Siziň ýalylary ýola düşmeklige mejbur eden rim itiniň başyna bela düşsün.
Ol Ýusuby itdi-de, gapyny ýapdy. Batly dürküldi sesi eşidildi — bu gulplanýan gapynyň sesidi, hojaýyn hiç kimi goýbermejek bolup, gapyny berk ýapdy.
Ýusup bütin bedeni bilen titräp, Merýeme seretdi. Aýalynyň gözleri ulalypdy.
— Wah...
Merýemiň sesinde agyry eşidildi we ol elleri bilen garnyny berk gysýasdy. Ýusup aýalyna tarap ylgady-da, onuň elinden tutdy.
— Berk bol. Wah, Merýem, berk bol!
Agyry biraz köşeşipdi we Merýem ärine seretdi. Merýemiň gözlerinden gorkuny okap bolýardy we olarda gözýaşlar görünýärdi.
— Biziň nirede bolandygymyza seretmezden, Ol häzir dogular.
— Merýem, Hudaý bize kömek eder, — diýip, Ýusup aýalyny göterip barşyna aýtdy. — Ol hökman kömek eder.
Ýusup özüni basyp barýan şübheler bilen göreşýärdi. Merýem bolsa, sesli iňläp başlady. Ýusup gorka batdy. Lapykeçlik bilen ol kömek gözläp, töweregine göz aýlady.
Ýakynrakda şäheriň diwaryna arka berip oturan bir garry aýal köne ýorgana bürenip oturdy.
— Seret, aşakda gowak bardyr, — köne ýorganyň aşagyndan aşagy görkezip duran bir hor barmak göründi. — Şol ýerde çopanlar gyşda öz sürülerini saklaýandyrlar, emma şu wagt olar sürülerini baýyrlara äkidendirler.
— Hudaý saňa pata bersin!
Ýusup elinde Merýemi göterip barşyna baýyrlyga düşdi we meýdançany kesip geçdi. Tizara ol gowagyň girelgesini gördi we şol tarapa bakan ugrady. Garaňky gowaga girip, ol burnuny galdyrdy — gowagyň içi çygdy we tüsse bilen dersiň ysy gelýärdi. Olaryň yzlary bilen eşek hem girdi we haýwanlar üçin niýetlenen nowa tarap, gowagyň çetine gitdi.
Merýem ýene-de çygylyp, gygyrdy. Ýusup gowagyň içinde Merýemiň ýatan ýeriniň hapadygyny görende, utançdan gyzardy.
— Häzir ol dogular, — diýip, Merýem seslendi. — Ýusup, ine, çaga ýakynlaýar.
Ol çaga dogurýan aýala nädip kömek etmelidigini nireden bilsin? Ol göbek ene gözläp ýetişermikä? Eger munuň üçin Ýusupda wagt bolaýanda-da, ol göbek enäni şu pursat nireden gözlesin? Özi bolmanynda, Merýem bilen näme bolmagy mümkin?
— Şu ýerde birsalym dur, — diýip, Ýusup Merýemi aýagyna galdyrdy. — Şu agaçdan ýapyş, men bolsa, seniň üçin ýer taýýarlaýyn.
Ol diwaryň ýanynda duran samany ýazyşdyryp, eşege daňylan bukjadaky ýorgany hem samanyň üstüne atdy. Şondan soň ol Merýemiň ýatmaklygyna kömek etdi.
— Ot ýakyp, suw tapýançam dynç almaga synanyş.
Ot üçin odunlary Ýusup gowagyň girelgesiniň ýanyndan, suwy bolsa nowanyň ýanyndaky gapdan aldy. Ol suwy dadyp gördi, geň galaýmaly — suw arassa eken.
Birsalymdan soň gowagyň ortarasynda ot ýanyp durdy.
— Merýem, meni bagyşla, — diýip, Ýusup aýalynyň düşeginiň ýanynda dyzyna çökeninde, onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar akýardy. — Seniň üçin oňat ýer tapyp bilmändigim üçin bagyşla.
Merýem äriniň elinden tutup, ýaňaklaryna degirdi.
— Hudaý bizi şu ýere getirdi.
Ýusup aýalynyň agyrysyny edil özüniňki ýaly duýdy. Ol özüniň ýöne ussa bolup, bu soraglardan başynyň çykmaýandygyna ol ilkinji gezek ökündi. Ol Hudaýdan akyldarlygy, kömegi, Merýemi agyrylarynyň çalt gutaryp, onuň sag-aman dogmaklygyny sorady. Merýem haýallyk bilen demini aldy we onuň ýatan düşeginde öl tegmiliň peýda bolandygyny Ýusup gördi.
— Saňa nädip kömek edip biljekdigimi aýdaý!
— Hiç hili, — diýende, Merýemiň ärinden tutup duran barmaklary biraz gowşady. Agyra zordan çydap, Merýem ärine ýylgyrdy. — Adam ata bilen How enäniň Erem bagyny taşlanlaryndan bäri aýallar bu agyrylary duýýan dälmidirler ahyryn?
Merýem gözlerini ýumdy; birinji burgunyň yzy bilen ikinjisi gelende, onuň barmaklary ýene-de Ýusuby berk gysdy. Burgularyň arasynda Merýem çaltlyk bilen agyr demini aldy.
— Ejem maňa haltajykda duz, pyçak, sapak we mata berendir. Olar bukjada. Şolary alaý, — diýip, Merýem ärinden haýyş etdi. Ýusup aýalynyň aýdanlarynyň baryny tapdy. — Ýusup, maňa suw gerek bolar.
— Gapda arassa suw bardyr. Men meşigi dolduraryn.
— Ony meniň ýanymda goý-da, gowakdan çyk.
— Emma, Merýem...
Merýem heniz bary-ýogy on dört ýaşyndady, ol heniz çagady. Onuň ýeke özi näme edip bilerkä?
Merýem buýruk berýän ýaly edip gaýtalady:
— Ýusup, çyk! Näme etmelidigini men bilýärin. Nasyradan gitmezimiziň öň ýanynda ejem maňa baryny öwretdi. Elbetde, şu wagta çenli edişi ýaly, Hudaýyň Özi maňa ýardam berer. Gidiber.
Ýusup gowakdan çykdy. Ol gaty tolgunyp, bir ýerde rahat oturyp bilmän, gowagyň agzynda doga edip, öňedir yza ýöreýärdi. Merýem gaty ses bilen iňledi we Ýusup özüniň çagyrylmagyna taýyn bolup, doňup durdy. Samanyň sesini eşidrip, garaňky asmandyky ýyldyzlara seredip, Ýusup ýene-de ädimlemegini dowam etdirdi. Bolup geçýän wakalara şaýat bolmak üçin gowagyň ýanyna görünmeýän güýçleriň ýakynlaşýandygy Ýusuba aýan bolan ýaly boldy.
Olaryň perişdeleriň ýa-da jyn-arwahlaryň güýçleridigini Ýusup aňyp bilmedi. Ýüreginiň urşunyň dürküldisi bilen Ýusup gowagyň agzynda saklanyp, Hudaýdan kömek sorady. Şemal peýda bolup, Ýusup kimdir biriniň tutuk sesli gülküsini eşiden ýaly boldy:
Ýusup dyzyna çöküp, ellerini göge galdyryp, Gudratygüýçli Hudaýa dileg etdi.
— Gögi we ýeri ýaradan Hudaýymyz. Merýemi we Seniň Ogluňy olary öldürjek bolýandan gora.
Özüniň mähribanlaryny gara güýçlerden gorajak bolup, Ýusup ellerini galdyrdy.
Sowuk şemal ýitip, ýene-de howa ýylady. Ýusup ganatlaryň seslerini eşitdi we onuň ýüregi ýene-de rahatlandy. Ol Mukaddes Ýazgynyň sözlerini ýadyna saldy.
* * *
Merýem soňky gezek batly ses etdi we çaga suw we gan bilen göwreden çykdy. Merýem egildi-de, Ony eline alyp, bagryna basdy we şatlykly gözýaşlar bilen Onuň bu dünýä gelendigini garşylady. Gijäniň sowuk howasynda çaganyň sesi eşidildi we Merýem çaganyň göbegini kesmezinden ozal ony sapak bilen daňdy. Şadyýanlyk bilen ol Çaga seredip, Onuň ýygrylan bedenini suw bilen ýuwdy we kesellemezligi üçin duz bilen süpürdi.
Bäbegiň beýleki bäbeklerden hiç hili tapawutlanmaýandygyna Merýem haýran galdy. Merýem Onda Hudaýyň şöhratyna we beýikligine meňzeş bolan hiç zady-da görmedi. Ellerinde on barmak, aýaklarynda-da on barmak, goýy gara saçlar, kiçijik eller we aýaklar, ýygrylan ýüzjagaz. Şatlykdan gülüp, Merýem Çagany emaý bilen gundaga dolady we ýene-de bagryna basyp ogşady.
— Isa, — diýip, Merýem pyşyrdady, — Meniň mähraban Isam.
Merýemi şatlyk doldurdy. Ol elinde Ysraýylyň umydyny, Hudaýyň bellänini, Ynsan Ogluny, Hudaýyň Ogluny tutýardy. Gözlerini ýumup, Merýem ýuwaşlyk bilen doga etdi:
— Eý Hudaý, Onuň üçin oňat ene bolmaklygyma kömek et.
Ejesiniň öwredenleriniň baryny edenden soň, Merýem titreýän aýaklaryna galdy.
— Ýusup, — diýip, ol ýuwaşja ses bilen ärini çagyrdy, — gel, Oňa seret.
Ýusup çaltlyk bilen gowaga girdi we edil Merýem däl-de, onuň özi çaga dogurýan ýaly ýüzi agaryp, dere batypdy. Merýem şatlyk bilen ýylgyryp, elinde uklap ýatan Isa seretdi.
— Ol neneň ajaýyp!
Merýem hiç haçan, hiç bir adama şeýle söýgüni duýmandy. Duýgular zerarly edil ýüregi atylyp çykaýjak ýaly bolýardy.
Ýusup ýakynrak geldi-de, üns bilen Çaga seretdi, onuň gözlerinde haýran galma göründi. Güýçsüzligi zerarly Merýemiň aýaklary sandyraýardy we ol töweregine göz aýlap, Çaga üçin ýumşak we howpsuz ýer gözledi. Emma diňe ahyry gördi.
— Onuň içine biraz saman taşla, Ýusup bu Onuň üçin ýyly bolar.
Ýusup düşegi taýýar edende, Merýem Çaganyň ulalanda Ysraýylyň ykbalynyň Oňa bagly boljakdygyna düşünip, ony ogşady.
— Taýýar bolandyr, — diýip, Ýusup aýtdy we Merýem Isany ahyrda ýatyrdy. Yzyna öwrülende, Merýem kellesiniň aýlanýandygyny duýdy. Ýusup aýalyny galdyrdy-da, arassa samandan edilen düşekde ýatyrdy. Merýemiň gabaklary çişipdi.
— Meni bagyşla, mähribanym, — diýip, Ýusup titreýän sesi bilen aýtdy, — bu ýerde saňa kömek eder ýaly menden başga hiç kim ýokdur.
Ol Merýemiň bulaşan eşiklerini çykardy we emaý bilen ony ýuwundyrdy. Onsoň ejesiniň taýýarlan ýumşajyk eşiklerini geýdirip, Merýemiň bäbegi dolaýşy ýaly edip, Ýusup hem aýalyny ýorgana dolady.
Merýem rahatlanyp, uludan demini aldy.
— Hemmesi gowudyr, şeýle dälmi Ýusup?
Ýusup aýalyny mähir bilen ogşady.
— Hawa, mähribanym. Bary gowy.
* * *
Ýusup ýerinden turdy-da, ahyra ýakynlaşdy. Ol çaga seredende, ýüregi çaltlyk bilen urup başlady. Ol örtgüniň bir ujuny galdyryp, Öz halkyny halas etjegiň ýüzüne seretdi.
— Isa, — diýip, ol pyşyrdady. — Isa.
Ýusup bäbegiň ýüzjagazyna seretdi-de, ýeňillik bilen onuň kiçijik barmaklaryndan tutdy. Çaganyň derisi edil mahmal kimin ýumşakdy. Bäbegiň barmaklary onuň barmaklryndan berk gysanda, Ýusubyň ýüregi öňküsinden-de çaltlyk bilen urdy. Ýusup hiç haçan-da şeýle hakyky şatlygy we şol bir wagtyň özünde gorkuny duýmandy.
Ýusup çopanlaryň gowagynyň gara diwarlaryna seretdi we şol pursat onuň gözlerine gözýaşlar dolandy. Ol gaty utandy we ýene-de çaga seretdi.
— Meni bagyşla, — bu Çaga köşkde dogulmaklyga mynasypdyr. — Meni bagyşla, — diýende, Ýusubyň gözlerinde gözýaşlar düýrlendi.
Çaga gözlerini açyp, oňa seretdi. Utanç duýgusy ýuwaş-ýuwaşdan ýitirim bolup, Ýusubyň ýüregini söýgi doldurdy.
Arkasynda aýak sesleri gelendigi sebäpli, Ýusup birden yzyna öwrülip, arkasy bilen ahyry ýapdy. Gowagyň agzynda garry çopan durdy, onuň arkasynda bolsa, ýaş çopan hem seredip durdy. Olar şatlykly ýüzleri bilen bilesigelijilikli seredýärdiler.
— Çaga şu ýerdemi? — diýip, garry çopan gowaga girdi. — Perişdeleriň habar beren Çagasy şu ýerde bolmalydyr!
— Perişdeler?
Ýusup bu iki copanlaryň arkalarynda beýleki çopanlary-da gördi, olaryň arkalaryndaky meýdançada bolsa, goýun sürüleri bardy.
— Bize perişde görnüp, Hudaýyň şöhraty bizi şöhlelendirdi, — diýip, ähli çopanlar gowagyň agzynda duranlarynda, olaryň biri aýtdy. — Biz gaty gorkduk, emma perişde bize: «Gorkmaň» diýdi.
Beýlekisi onuň sözüni dowam etdirdi.
— Ol bize şeýle diýdi: «Men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn! Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy!»
Garry çopan Ýusupdan gözüni aýryp, samanyň üstünde ýatan Merýeme, onsoň bolsa yzky diwaryň ýanynda duran ahyra seretdi. Onuň gözlerinde umyt ýalpyldaýardy.
— «Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz».
— Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatçylyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!»
Ýusubyň gözlerinde gözýaşlar düýrlendi we ol ahyra tarap öwrüldi-de, Isany eline aldy.
— Onuň ady — Isa.
Bu ady eşidenlerinde, çopanlar dyzlaryna çökdüler, olaryň ýüzlerine oduň gyzyl reňki düşýärdi.
Merýem ukusyndan turdy. Nätanyş adamlary görüp, ol ahyra tarap egildi. Ýusup elindäki Isa bilen onuň ýanyna baryp, düşeginiň ýanynda oturdy.
— Merýem, Hudaý Isanyň doguljagynyň habaryny aýdypdyr.
Ol çopanlaryň özlerini nädip tapandyklaryny aýdyp berdi. Myhmanlara ýylgyrdy-da, Merýem ýadawlyk bilen düşeginde ýatdy. Şatlykly ýylgyryş bilen ol Ýusubyň elinden Hudaýyň Ogluny aldy. Merýem bilen Isanyň ýene uka batyşlaryna Ýusup bilen çopanlar syn etdiler.
— Hudaý gelendir, — diýip, Ýusup ýuwaşja aýtdy.
Garry çopan gözlerini ýumdy, sakgalyndan bolsa gözýaşlar akdy.
— Goý, Hudaýyň ady mübärek bolsun!
* * *
Isanyň gykylygy zerarly Merýem gaty ir oýandy. Özi üçin Hudaýyň ýaradanynda haýran galyp, ol çagany emdirjek bolup, ony ahyrdan eline aldy. Çaganyň kiçijik dodaklarynyň her bir hereketleri Merýemde buýsanmany döredýärdi we ony çaga öňküsinden-de ýakynlaşdyrýardy. Gije rahat we ýuwaş boldy. Merýem gowagyň girelgesinden düşýän yşygy gördi. Isa emmegini bes edenden soň, Merýem seresaplylyk bilen ýerinden turdy-da, Ogluny ýene-de ahyrda ýatyrdy we agyry zerarly ýüzüni çytyp, çagany samanyň üstündäki ýorgana dolady.
Çagany gowuja örteninden soň, Merýem çykalga ýakynlaşyp, daň asmanyna seretdi. Oňa bir ýyldyz beýlekilerinden güýçlüräk ýalpyldaýan ýaly bolup göründi. Bu ýyldyz Dawudyň şäherine söhle saçýardy. Halasgäriň doglanynda, Hudaýyň asmanda we ýerde täsinlikler döretjekdigi hakda Ýowel pygamber aýtmanmydy näme?
Merýem ýaglygy bilen başyny örtdi.
— Biribar Hudaý, ähli ynsanlaryň Ýaradyjysy, Sen elýetmez belentliklerde ýaşaýansyň, Sen Mukaddes Hudaýsyň, men Seni söýýärin, — diýip, Merýem ellerini döşüne goýdy. — Men Seniň öňüňde baş egýärin. Bütin älemde Saňa meňzeş hiç kim-de ýokdur, — diýip, Merýem gözlerini ýumdy, onuň ýüregi rahatlyk bilen umytdan doldy. — Sen Öz ogluň ejesi bolmaklygym üçin meni saýladyň. Seniň Şalygyň gelýändir. Ol arkaly Sen edil göklerdäki ýaly, ýerde-de şalyk sürersiň, — diýip, Merýem ýene-de gözlerini ýyldyzlara dikdi. — Hudaýyň ady Mukaddesdir we Ogluň Isanyň ady hem Mukaddesdir.
Şemal peýda bolup, Merýem üşäp başlady. Emma ol ýaglygyna bürenip, sowuga seretmän, gowagyň agzynda durmagyny dowam etdirdi we Hudaýyň Oglunyň doguljakdygy baradaky perişdäniň habar beren gününi ýatlap durdy. Ol Ýusubyň düýşi hakda, göwresindäki çaga bilen özüni kabul edişini ýatlap, oýa batdy. Merýem rim hökümdarynyň aňlaman, Hudaýyň erkine boýun bolup, Halasgäriň dogulmaly ýeri baradaky pygamberligiň ýerine ýetmekligi üçin ýazgy kararyny çykaryp, Ýusuby Beýtullahama gelmeklige mejbur edendigi barada oýlandy.
Bu wakalar barada näçe oýlandygyça, Merýem Hudaýyň niýetlerine we Onuň Öz Ogly arkaly etjek işlerine düşünmekliginiň mümkin däldigine göz ýetirýärdi.
Merýem özüni gurşan tebigata göz aýlady. Beýtullahamyň üstünden beýgelip duran dagda Hirodesiň köşgi durdy. Şol ýerde wagtlaýyn, ölümli patyşasy ýaşaýardy we ol şeýle gabanjaňlyk bilen öz ygtyýarlygyny goraýardy welin, hatda öz aýaly bilen gyzlaryny-da şu sebäpli öldüripdi. Birden titräp, Merýem ullakan köşgüň ýagtylanýan penjirelerine göz aýlady. Olar edil göni Merýeme seredýän ýalydylar.
Ýadawlygy duýanyndan soň, Merýem gowagyň agzyndan aýryldy. Isanyň ýene emmeli wagtyna çenli Merýem ýene-de taýyn bolmaklyk üçin biraz dynjyny almalydyr. Uklasy gelen Merýem Ýusubyň düşlän düşegine dolanyp geldi. Samanyň sesi Ýusuby turuzdy. Ol ýerinden turjak bolanynda, Merýem elini onuň egnine degrip, turmaga goýmady.
— Hemmesi ýerbe-ýer. Uklaber.
Ýusup aýalyny özüne çekdi-de, üstüni örtdi. Sowuk dälmi diýip sorap, ol aýalyny ýene-de özüne çekip gujaklady.
* * *
Gowagyň diwarlarynyň arkasynda Hudaýyň garawuly Ýusuby, Merýemi we Çagany öldürjek bolýandan goraýardy. Gowaga girmeklige mümkinçilik tapmanyndan soň, şeýtan gazap bilen ol ýerden aýryldy.
Onuň emeldarlary gelip, dünýäniň o çetinden gelýän adamlar barada, doguljakdygyny ýyldyzyň habar beren Şasyny olaryň görmek isleýändiklerini hojaýynyna aýtdylar.
Diňe Isa ukudan oýanyp, ony diňleýärdi.
Üçünji bap
Ybadathana Ýusup bilen gireninde, Merýem Isany berk bagryna basdy. Olar ýehudy kanunyna görä, doglan çaga üçin gurbanlyk bermeklik maksady bilen Iýerusalime geldiler. Ýusup ruhanyny kanagatlandyrmak üçin iki sany gumry tapýança satyjylaryň arasynda ondan-oňa ylgady.
Bu guşjagazlara syn edip, Ýusup rehimdarlyk bilen uludan demini aldy.
— Eger mende guzy üçin pulum bolsady.
Äriniň aladasyna minnetdar bolan Merýem oňa ýylgyrdy.
— Hut kepderi Hudaýyň sili saklandygy barada Huha habar getiripdi.
Ýusup rahatlandy-da, aýalyny gujaklady. Basgançaklar bilen ýokary galyp, olar Hirodes tarapyndan gurlan äpet ybadathana seretdiler. Şofaryň özüneçekiji sesi olary ýokara seretmäge mejbur etdi, ol ýerde — ybadathananyň ýokarky gatynda goýnuň şahyndan edilen saz gurallaryny üfleýän ruhanylar bardylar. Bu guralyň sesini eşidende, Merýem tolgundy. Birsalymlap onuň demi saklandy. Topar-topar adamlar we müňlerçe sesler ybadathananyň howlularyny doldurýardylar. Goýunlar mäleýärdiler, sygyrlardyr öküzler molaýardylar. Pul çalyşýanlar gygyrýardylar, adamlar iteleşip, söwda-satyk edýärdiler.
— Meni ogurlaýşyňy Hudaý görmeýändir öýdýäňmi? — diýip, biri gazap bilen gygyrdy.
— Eger ýaramaýan bolsa, onda bar-da, köpräk berýäni gözle!
— Goý, Hudaý aramyzda kazylyk etsin!
Ýusup Merýemi bu gykylykly ýerden çaltlyk bilen geçirip, ony ybadathananyň aýallar howlusyna eltdi. Aýalyny şol ýerde galdyryp, özi bolsa getiren gurbanlyklaryny bermek üçin ruhanynyň ýanyna girdi.
Ellerinde çagalaryny göterip oturan aýallaryň arasynda bir garry ýaşuly ýördi. Ol her çaganyň ýanynda saklanyp, onuň ýüzüne seredip, bagtly enelere pata berýärdi. Merýem bir aýalyň şol ýaşulynyň adyny tutup çagyrandygyny eşitdi. Ol Simundy. Ýaşuly ol aýal bilen birsalym gürrüň edeninden soň, ýene-de beýleki çagalara tarap gitdi. Merýem özüne onuň ünsli seredýändigini gördi.
— Bu çaga kim? — diýip, ol garrynyň sesi eşidildi.
— Onuň ady Isa, — diýdi-de, Merýem ýaşuly sereder ýaly oglunyň ýüzüni açdy. Merýem öz elinde Halasgäri göterip durandygyny kimdir biri aňdymyka? Merýemiň özi Nasyraly daýhan gyzydyr!
— Isa, — diýip, Simun ýuwaşja gaýtalady. — «Hudaý — halas bolmadyr». Ysraýylda giňden ýaýran at, her bir sap ýürekli gyz öz göwresinde halky günälerinden azat Etjegi göteresi geler.
Hormatly ýaşulunyň garalan gözlerine seredende, Merýemiň ýüregi çaltlyk bilen urup başlady. Ol köre meňzeýärdi, ýöne Merýeme ol Çaganyň ýüzüne üns bilen seredýän ýaly bolup göründi. Bir zatlar Merýemiň şu sözleri aýtmaklygyna mejbur etdi:
— Bu ady Oňa men dakmadym. Ol bu at bilen
Ýeňillik bilen gözlerini ýumuşdyryp, ýaşuly ýene-de üns bilen onuň Ogluna seretdi. Isanyň ukusyndan oýanyp uzalanynda, Merýem ýylgyrdy. Ýaşulunyň gözleri ulaldy.
— Men Ony elime alsam bolarmy? — diýip, ýaşuly sandyraýan ellerini uzatdy.
Birsalym oýlanyp durup, Merýem oňa Isany berdi. Merýem Simuna üns berip seredýärdi we onuň has-da tolgunýandygyny görüp, gaty begendi. Isa uzaldy-da, ýaşulynyň agaran uzyn saçlaryndan ýapyşdy. Simun sandyrap, uludan demini aldy.
Howsala düşen Merýem ýaşuly çagany elinden gaçyrar öýdüp, Simunyň ýanyna geldi. Ýaşuly kellesini galdyrdy we Merýem demini saklap, doňup galdy. Ýaşuluda bolup geçen özgerişikleri Merýem bada-bat duýdy. Ýaşulynyň gözleri indi çalaja açylman, şatlykdan ulalypdy. Merýemiň ýüregi dürküldäp urýardy. Isa ýaşulynyň saçlaryny goýberende, Simun onuň kiçijik ellerinden tutup ogşady.
— Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber. Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan, milletleri ýagtyltjak yşygyňy, halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi! — diýip, Simun hem ýylgyrýardy hem-de aglaýardy we seredip doýup bilmeýän ýaly Isadan gözüni aýyrmaýardy. — Hudaýym, Hydaýym...
— Merýem, — diýip, Ýusup aýalynyň ýanynda saklanyp seslendi.
— Hemmesi oňatdyr, — diýip, Merýem akýan gözýaşlaryna üns bermän aýtdy. Ine, ybadathanada ýaşaýan dogruçyl ýaşuly onuň ogluny Halasgär hökmünde kabul etdi.
Simun başyny galdyrdy-da, Ýusup bilen Merýeme seretdi.
— Sizi Hudaýyň Özi gorasyn we Onuň ýollaryny Çaga öwretmeklige Hudaýyň Özi ýardam bersin. Ysraýylda köpler Ony terk ederler we bu olaryň ölümleri üçin bolar.
Simun öz sözlerini düşündirmedi. Ol ýene-de Isa seretdi.
— Emma beýleki köpleri üçin Ol uly şatlyk bolar.
Ol Isany Merýeme berdi. Onsoň Merýemi haýran galdyryp, ol ellerini uzatdy-da, edil Merýemiň kiçijik gyzdygy ýaly ýaňaklaryny mähir bilen sypalady. Ýaşulunyň ýüzünde gaýgy we rehimdarlyk duýgusy peýda boldy.
— Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar. Seniň hem janyňa bir gylyç sokular.
Bu sözlerden gaty gorkan Merýem olaryň näme aňladýandygyny sorajak boldy, ýöne Ýusup mähir bilen ony özüne çekdi.
— Merýem, biz gitmelidiris.
Onuň buýrugyna boýun bolup, Merýem Simunyň öňünde baş egdi-de, äriniň yzyna düşdi.
Howla çykanlarynda, adamlaryň bir çete çekilip, garry aýala ýol berýändiklerini gördi. Ol aýal gara dul eşiklerini geýnip, howla tarap howlugýardy. Merýem pyşyrdyny eşitdi:
— Bu Aşer tiresinden bolan Fanuýiliň gyzy Hannadyr... Meniň ejemiň aýtmagyna görä, Hannanyň adamsy öleninde, ol şu ybadathana gelipmişin... Ol gündizdir gijäni oraza bilen dogada geçirip, öz durmuşyny Hudaýa bagyşlapdyr... Oňa pygamber diýýärler...
Merýem yzyna bakyp, Simunyň Isadan gözüni aýyrmaýandygyna üns berdi. Ýaşuludan öwrülip, Merýem garry aýalyň özi bilen Ýusuba tarap göni gelýändigini gördi.
— Ol geldi! — diýip, Hanna şadyýanlyk bilen Isa seredýärdi. Hanna ellerini uzadyp, gözlerini ýumdy we başyny galdyryp, şatlyk bilen şeýle diýdi:
— Ýessäniň baldagyndan bir pudak çykar, onuň kökünden bir nahal gögerip, miwe berer. Rebbiň Ruhy, hikmet we düşünje ruhy, maslahat we kuwwat ruhy, Rebbi tanama we ondan gorkma ruhy Onuň üstüne gonar. Ony Hudaýdan gorkma ruhy bilen doldurar. Ol gözleriniň görşüne görä höküm çykarmaz, gulaklarynyň eşidişine görä karar etmez. Garyplaryň üstünden dogrulyk bilen höküm çykarar we ýurduň pukaralary hakda dogry karar eder. Dünýäni agzynyň taýagy bilen urar we erbedi dodaklarynyň demi bilen öldürer[13].
—
Ýusup Merýemiň elinden tutup, yzy bilen alyp gitdi.
— Merýem, biz hökman gitmelidiris. Biz
— Emma bu aýal Hudaýyň güni barada gürrüň berýär.
— Hawa, emma Hirodesiň içalylary hemme ýerlerdedirler, hatda ybadayhanada-da bardyrlar.
Merýem äriniň duýduryşyna düşündi. Hirodes öz aýaly bilen gyzlaryny bäsdeşleri hökmünde kabul edip, olary öldüripdi. Halasgär onuň üçin howp döredýärdi: pygamberlige laýyklykda, wagty gelende Halasgär ähli ýerdäki şalyklary ýok etmelidi.
— Hawa, elbetde, — diýip, Merýem ylalaşyp, äriniň yzyna düşdi. Birsalymdan soň olar adamlaryň arasyna garyşdylar.
Merýem Oglunyň ulalyp, hak boýunça Öz ornuny eýeläp güýçli bolýança ony goramalydyr. Pygamber aýalyň geljek Halasgär barada diýýänlerini eşitmeklik üçin ýygnalan adamlaryň arasynda Ýusup bilen Merýem gözden ýitdiler. Merýemiň ýüregi henizem dürküldäp urýardy: ybadathanada Halasgäriň dogulmagy barada gürrüň berilmegi hakda Hudaýyň Özi aladalandy.
Olar çykalga ýakynlaşanlarynda, Merýem ybadathananyň gapysynyň alnynda duran adamyň özlerine üns bilen seredýändigini gördi. Ol adamyň gözleri şeýle bir sowukdy welin, hatda olara seredip, onuň kalbynyň gara çuňlugyna seredýändigiň barada oýlanyp hem bolýandyr. Merýem hiç haçan-da adamyň gözlerinde şunuň ýaly ýigrenji we gahary görmändi.
— Ýusup! — diýip, Merýem howsalalyk bilen ýüzlendi. Äri bolsa ony berk gujaklady. Merýem Isany elinde berk tutup, basgançak bilen aşak düşüp başladylar.
— Sen näme gördüň, — diýip, Ýusup sorady.
— Adamy, Ýusup, ýöne bir adamy gördüm, — diýip, Merýem rahatlanmaga sananyşdy. Gözlerinde ölümi gören adamy gördi.
* * *
Eger Nasyradan we özleriniň howlukmaçlyk bilen guran nikalary hakdaky gybatlardan daşrakda bolan Beýtullahamda galsalar gowy bolar diýip, Ýusup karar kabul etdi. Ybadathanada bolanlaryndan biraz wagt geçmän, Ýusup şäheriň çetinde bir kiçijik jaý tapdy we şol jaýda ol Merýem bilen ornaşdylar. Bu jaýda hatda ussahana üçin hem oňaýly otag bardy we ol ýerde Ýusup öz hünäri bilen meşgullanyp bilerdi. Ol bu jaýa özüniň bar bolan kiçijik hojalygy bilen geldi. Ýusup işi üçin gerekli gurallardyr agaçlary gözlemek üçin birnäçe günläp öýünden gitdi. Dolanyp gelenden soň, ol Iýerusalimiň bazarynda satar ýaly her hili käseleri, okaralary we başga-da öý gap-gaçlaryny ýasap başlady.
Her gün daňdan Merýem bilen Ýusup hojalyk üçin arassa suw getirmekleri üçin guýa tarap gidýärdiler. Merýem kükregine ýaglygyny daňyp, kiçijik Isany bolsa şonda oturdyp, hemişe öz ýany bilen äkiderdi. Ol öý işleri bilen meşgullananynda bolsa, çaga hemişe onuň ýanynda bolardy. Kiçijik Isa Ýusubyň ýasan sallançagynda uklardy. Çaganyň ulalýandygyna äri syn eder ýaly, Merýem käte-käte ogluny ussahana getirerdi.
— Ýusup, seret, ol bireýýäm ýylgyrýar!
Ýusup hem Merýem bilen şatlanyp gülerdi. Alty aýlygynda Isa oturmagy, ýedi aýlygynda bolsa, emedeklemegi öwrendi. Dokuz aýlygynda bolsa, ol kakasynyň elinden ýapyşyp, aýagyna galdy. Çaganyň gülküsi we onuň bilesigelijidigi Ýusuba gaty ýaraýardy. On bir aýlygynda çaga ejesiniň yzyndan hemme ýerde ýöräp başlady, bir ýaşy dolanynda bolsa, ol ilkinji gezek dyzyny gaty agyrtdy. Kämahallar edil Isa beýleki çagalardan hiç hili tapawutlanmaýan ýalydy, emma kämahallar bolsa, Onuň garaýşy paýhasly we mukaddes bolýardy we bu Ýusupda hormat goýmaklyk duýgusyny döredýärdi.
Her gün daňdan we agşamyna Ýusup maşgalasynda saklanan, Dawudyň döwründen galan ýazgylary Merýem bilen Isa okap berýärdi. Bir gezek agşam Isa boýranyň üstünde oturyp, Ýusubyň agaçdan ýasan gämisini haýwanlaryň jübütleri bilen doldurýardy. Ogluna seretmek üçin Ýusup okamagyny bes etdirdi we ýüregi şatlyk duýgusyndan doldy. Oglan gämä iki sany goýny saldy-da, gapyny ýapyp, gulplady we ellerini çarpdy. Ýusup ýazgyny dyzynda goýdy.
— Merýem, Isanyň şeýle kän bilýändigi seni hiç haçan-da haýran galdyrmadymy?
— Men muňa her gün haýran galýan, — diýip, ol oglunyň oýnaýşyna syn edip aýtdy.
Ýusup gaýgy bilen ýylgyrdy.
— Näme üçin Hudaý Isa mynasyp bolan öý berip biljek ylymly adamy saýlamady?
— «Mynasyp» diýmekligiň bilen «owadan» diýjek bolýaňmy?
— Elbetde, Hudaýyň Ogly has owadan öýe mynasypdyr.
— Özüni akylly diýýänleri kiçeltmeklik üçin Hudaý hemişe dünýäniň samsyk hasaplaýanlaryny saýlaýan dälmidir ahyryn? Belki-de, Halasgäriň diňe Iýerusalimiň owadan jaýlarynda we köşklerinde ýaşaýanlary däl-de,
Garaşylmadyk pursat gapynyň kakylmagy olary howsala saldy.
— Beýle giç wagty bu kim bolup bilerkä?
Merýem Isany eline aldy-da, bagryna berk basdy, Ýusup bolsa ýazgyny aldy-da, çaltlyk bilen gizledi. Ýusup gapyny açanda, Merýem nätanyş adamlaryň seslerini eşitdi, olar arameý dilinde zordan gepleýärdiler. Merýem Ýusubyň çözgütlilik bilen beren jogabyny we myhmanlaryň bolsa, şatlykly seslerini eşitdi. Ýusup aýalyna seretdi, gözleri bolsa, tolgunmadan ýalpyldaýardy.
— Bu adamlar Gündogardan gelipdirler.
— Olar kim?
— Ýyldyzlary öwrenýän müneçjimler. Olar täze ýyldyza eýerip gelipdirler we olaryň aýtmaklaryna görä, bu ýyldyz Ýahuda Patyşasynyň dogulmagy hakda habar berýärmişin.
Merýem öňe ädimledi.
— Ýusup, olary içerik çagyr.
— Olar butparazlar, olar biziň jaýymyzy haramlarlar.
— Eger Hudaýyň Özi olary iberen bolsa, onda nädip olar biziň öýümizi haramlasynlar?
Ýusup ylalaşyp, kellesini yrady. Gapa dolanyp geldi-de, ony giňden açdy. Daşary ýurtly egin-eşikli erkekler kiçijik öýe girdiler. Giren dört erkege we olaryň hyzmatkärlerine ýer boşatjak bolup, Merýem diwara tarap çete çekildi. Bir-birleriniň yzlary bilen olar dyzlaryna çökdüler we Oňa sežde etdiler.
Isa ejesiniň elinde oturan ýerinden özüniň ýere goýberilmegini talap edip, bökjekläp başlady. Merýem nätanyşlara we ogluna üns berip, çagany ýere goýberdi.
— Biz sowgat getirdik, — diýip, myhmanlaryň biri sakynyp aýtdy.
Ol öz hyzmatkärine tarap öwrüldi-de, onuň elinden sandyjagy alyp, ony açdy. Sandyjagyň altyn teňňelerden doludygyny görende, Merýem gaty haýran galdy. Munuň ýaly kän altyny ol diňe ybadathanadaky pul çalyşýanlarda görüpdi. Ýusup bütin ömür-de bu pullary gazanyp bilmezdi. Erkekleriň beýlekisi deriden edilen haltajygy uzatdy.
— Ladan.
— Üçünji myhman ýene bir teňňeli sandyjagy hödürledi, dördünji myhman bolsa, Merýeme aýak astyna möhürlenen bir jamy goýdy.
— Mür.
Sowgatlar Merýemi haýran galdyrdy. Müneçjimler onuň Ogluna geljekki Şa hökmünde altyn, ladany bolsa, ybadathanada ys etmek üçin, müri bolsa Onuň tenine çalmaklyk üçin getirdiler.
Isa getirilen sowgatlara üns bermedi, Ol sežde etmäge gelen adamlaryň aýaklarynyň arasyndan aýlanýardy, olaryň eşiklerini we ýüzlerini elleýärdi. Onsoň Ol hyzmatkärleriň ýanlaryna-da bardy. Olar hem Oňa sežde etdiler. Isa olaryň arasynda oturyp, özüniň kiçijik gämisini açdy-da, ondan ähli haýwanlary dökdi.
Ýusup ýylgyrdy.
— Geçiň. Ýerleşiň. Biz baý däldiris, emma bar zadymyz siziň hyzmatyňyzda.
Ol çakyr guýup berdi-de, çörek bölüşdirdi we myhmanlaryň Ýahudanyň üsti bilen bolan uzak syýahatlary baradaky gürrüňlerini gyzyklanma bilen diňledi. Merýem boýranyň üstünde oturdy, onuň ýanynda bolsa, Isa öz gämisi we haýwanlary bilen oýnady. Isanyň uklasy gelende, Merýem ony göretip gitdi-de, düşeginde ýatyrdy.
Diňe şonda Ogluna garaşýan howp barada gürrüň etdiler.
— Biz Hirodesiň ýanyna baryp, ondan: «Ýaňy doglan Ýahuda Şasy nirede?» diýip soradyk. Biz oňa täze ýyldyz barada we ýaňy doglan Patyşa sežde etmekligimiz üçin uzak syýahatymyz barada gürrüň berdik.
Birden Ýusubyň ýüzi agardy.
— Onsoň Hirodes şa size näme diýdi?
Syýahatçylaryň iň garrysy jogap berdi:
— Ol özüniň ruhanylaryny we kanunçylaryny çagyryp, olary soraga tutdy. Olar Halasgäriň Ýahudanyň Beýtullahamynda doguljakdygyny aýtdylar. Siziň pygamberleriňiziň biri şeýle diýipdi: «Eý Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr».
— Hirodesiň hyzmatkärleriniň yzlarymyzdan ýetenlerinde, biz bireýýäm köşkden çykypdyk, — diýip, beýlekisi gürrüňi dowam etdirdi. — Biziň bilen patyşanyň ýüzbe-ýüz gürleşjekdigini olar bize pyşyrdy bilen habar berdiler.
— Çaga barada ähli maglumaty ýygnamaklygymyzy ol bizden haýyş etdi we Hudaýyň Ogluny tapanymyzda bolsa, onuň hem sežde etmekligi üçin habar bermekligimizi sorady.
Merýem Ýusubyň howsala düşendigine üns berdi.
— Onda haçan siz onuň ýanyna dolanjaksyňyz? — diýip, Ýusup müneçjimlerden sorady.
— Howsalalanma, Ýusup, — diýip, müneçjimleriň iň garrysy aýtdy, — Hirodes patyşanyň işleri köp halklara aýandyr, — diýip, ol öňe egildi-de, üns bilen Ýusuba seretdi. — Hudaýyň habarçysy gelip, biziň Hirodesiň ýanyna dolanmaly däldigimizi aýtdy.
Merýem Ýusuba seretdi, emma onuň bar ünsi myhmanlardady.
— Adatça biz gündüzine uklap, gijesine bolsa, ýyldyz yzyndan gidýändiris, — diýip, beýlikisi aýtdy. — Düýn Hirodesiň köşgünden çykyp, Iýerusalimdäki myhmanhanalaryň birinde saklandyk.
— Şonda biziň her birimiz şol bir düýşi gördük.
— Üçümiziň düýşümiz hem bir.
Müneçjimleriň iň garrysy elini galdyryp, ýoldaşlarynyň sem bolmaklaryny görkezdi.
— Hirodesiň ýanyna dolanman, başga ýol bilen öýmüze dolanmalydygymyz biziň hemmämize aýdyldy.
— Hirodes sizi gözlär, — diýip, Ýusup gaýgy bilen aýtdy.
— Ol hyzmatkärleri bilen bilelikde bir topar bolan müneçjimleri gözlär, emma olary tapyp bilmez. Biz dürli ugra dargarys: Babyla, Aşura we Makedoniýa. Biziň gidendigimizi patyşa bilýänçä sizde birnäçe gün bolarys. Şondan soň ol Çagany gözläp başlar.
Merýemiň ýüregi gorkudan sandyrady. Ýusuba seredip, onuň özünden-de gaty howsala düşendigine düşündi.
— Bolýar, — diýip, müneçjimleriň iň garrysy aýtdy we hemmesi ýerinden turdular. Ol Ýusubyň elini gysdy. — Goý, atalaryňyzyň Hudaýy Ogluňyzy gorasyn.
Olar öýden çykdylar we Ýusup gapyny gulplady.
Merýem titräp, ýerinden turdy.
— Ýusup, näme ederis?
— Garaşarys.
— Hirodesiň içalylarynyň hemme ýerde bardygyny aýdypdyň, hatda olar ybadathanada-da bar. Şeýle bolýan bolsa, onda olar bu adamlary yzarlap dälmikiäler? Onda olar biziň nirede ýaşaýandygymyzy bireýýäm bilýändirler.
Ýusup aýalyna ýakynlaşyp, onuň gözlerine göni seretdi.
— Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada şu wagta çenli kim maňa aýtdy?
Ýöne Merýem hiç-de rahatlanyp bilmedi. Eger Hirodes patyşanyň özi Ony gözläp başlasa, onda olar nädip Isany gorap bilsinler? Ýusup Merýemi gujaklady.
— Merýem, men hem Onuň üçin gorkýaryn, emma, elbetde, Hudaýyň Özi Ogluny gorar.
— Biz Nasyra dolanmalydyrys.
— Ýok. Biz şu ýerde garaşarys.
Adamlaryň ýollaryna Hudaýyň gözegçilik edýändiginiň ýatladylmagyna olaryň ikisi-de mätäçdi.
* * *
Şol gije Ýusup Merýem bilen bile ýatyrdy. Şonda ol ýene-de ses eşitdi.
— Ýusup, — diýip, ýalpyldaýan geýimli perişde ony çagyrdy.
Hudaýyň habarçysynyň beýikligi Ýusuby gorkuzmady.
— Lepbeý, — diýip, ol düýşünde jogap berdi.
— Ýeriňden tur we Çaga bilen Onuň ejesini al-da, Müsüre gaç, — diýip, perişde buýruk berdi, — tä saňa diýýänçäm şol ýerde bol, çünki Hirodes Çagany öldürmek isleýändir.
Ýusup birden oýandy, daş-töwerek garaňkydy. Köçede hiç ses hem eşidilmeýärdi. Ol Merýemi turuzmajak bolup, seresaplylyk bilen ýerinden turdy we müneçjimleriň getiren sowgatlaryny alyp, maşgalasynda nesilden nesle geçen ýazgylaryň duran sandyjagynda goýdy. Onsoň Ýusup daşa çykdy-da, agyla tarap gitdi. Eşegini gaňňalady-da, ýükli sebetleri berkitmek üçin eşegiň garnyna guşak daňdy. Ýusup sebetleriň birine ýazgyly we Isa üçin getirilen sowgatly sandyjagy, beýlekisine bolsa öz gurallaryny goýdy. Onsoň Ýusup bir hepdelik ýol üçin iki meşigi suwdan dolduryp, bir halta däne hem aldy.
— Merýem, — diýip, ol aýalyny ogşajak bolup, aşak egildi. — Merýem, turaý, — Merýem ýerinden turup oturdy-da, kiçijik gyzjagaz ýaly gözlerini owkalady. Ýusup onuň ýüzünden gara saçlaryny aýyrdy. — Düýşümde meniň ýanyma Hudaýyň perişdesi geldi. Biz
Merýem ärine seredende, gözlerinde umyt peýda boldy.
— Biz Nasyra giderismi?
— Ýok, söýgülim, biz Müsüre gideris. — Ýusup aýalynyň howsala düşüp gorkýandygyny gördi, ýöne ony köşeşdirmäge wagty ýokdy.
— Tur, turaý, — diýip, ol aýalynyň elinden çekip gyssady. — Biz gitmelidiris.
Merýem turan dessine Ýusup ýorganlary aldy-da, howlukmaçlyk bilen olary ýygnady.
— Isany ýola taýynla.
Ýusup ýorganlary çykardy-da, olary eşegiň üstünde ýerleşdirdi. Tizara Merýem Isa bilen çykdy. Isa ýorgana dolanandy we ejesiniň egnine daňylan ýaglykda uklamagyny dowam etdirýärdi. Şeýle halda ýerleşdirilen çagany ýolda emdirmek ukyplydy.
Olar çaltlyk bilen ýola düşdüler. Öz maşgalasy üçin satyn alan öýüni we ýaňyja başlan girdejili işini taşlandygyna Ýusup hiç ökünmedi. Ol diňe Isany Hirodesden halas etmeklik barada oýlanýardy.
— Eý Hudaý, syýahat üçin bize güýç ber, — diýip, Ýusup pyşyrdady. — Ýolda başdan geçirmelere çydarymyz ýaly bize güýç we edermenlik ber.
Ýola düşenlerinden soň birsalymdan gün hem dogdy. Isa oýandy-da, aglamaga başlady.
— Ol ajykdy, — diýip, Merýem aýtdy.
Olar özleriniň dynç almaklary we çagany iýmitlendirmekleri üçin saklandylar.
— Mähribanym, sen şu wagt biziň Ýusubyň doganlary tarapdan ysmaýyllylara satylan ýolundan ýörän bolaýmagymyz hakda oýlanmadyňmy?
Ýusup aýalyna mähir bilen seretdi. Merýem aýdan sözleriniň çuňňur manysy barada oýa batdy.
— Ýok. Men diňe sizi Beýtullahamdan çaltrak alyp çykmak barada oýlanýan.
Ýusup Merýemiň Isany aýagyna galdyrandygyna syn edýärdi. Çaganyň ýoldan çykyp, bägüllere tarap ylganynda, Merýem şatlyk bilen güldi. Bu Çaganyň Hudaýyň Ogludygyny Ýusup käwagt zordan göz öňüne getirýärdi. Ol özi bilen ýaşdaş çagalardan hiç-de tapawutlanmaýardy: olar ýaly özüni gurşan tebigata haýran galyp seredip, goraga we kömege mätäçdi. Ýöne käwagtlar Onuň bakyşy edil bir zatlary ýadyna salan ýaly geň görünýärdi. Ol ýönekeý adamdymy? Ýa-da Ol gökden gelen akyldarlyk bolup, Özüniň kimdigini bilýänçä ösüp ulalmalymyka? Onsoň näme bolar? Ýusubyň öz teni ýaly söýýän bu kiçijik oglany bütin Ysraýylyň uzak wagtlap garaşan Patyşa-hökümdary bolarmyka?
Ýa-da… Ýusup üşäp gitdi. Damagy doldy. Ýa-da Ol Işaýanyň welilik bilen aýdan jebir-sütemleri öz üstüne alan gul bolarmyka?
Ýusup Isa seretdi we gözlerinde gözýaşlar peýda boldy. Beýleki çagalaryň her biri ýaly oýnaýan bu Çaganyň Ysraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň Ogludygyny käwagtlar Ýusup öz-özüne ýatlatmaly bolýardy. Bütin Ýahudada iň beýik adam bolan Hirodes bolsa, Ony öldürjekdi.
Ulalanynda Isa nähili ýamanlyk bilen duşuşmaly bolarka? Musa bilen Ylýasdan başga pygamberleriň bary elhenç ölüm bilen ölmedilermi ahyryn?
— Isa! Bärik gel! — diýip, Ýusup Oglany çagyrdy.
Ol çagany tutdy-da, berk gujaklady. Özüni dolduran duýgular zerarly Ýusubyň ýüregi gysyldy. Gözýaşlar gözlerini ýakyp barýardy. Ýusup Isany ogşady-da, arkasyna öwrüp, ony egninde oturtdy. Isa elleri bilen kakasynyň boýnundan ýapyşdy we Ýusubyň ýüzi şatlykdan doldy. Ol oglunyň ellerinden tutdy-da, olary ogşady. Isa bolsa güldi.
Merýemiň gözleri tolgunma zerarly ýalpyldaýardy.
— Ol edil bütin dünýäni gujaklajak ýaly görünýär.
«
* * *
Ýigrimi aý geçdi. Ýusubyň işi şowunady, ýöne butparazlaryň arasynda ýaşap, ol özüni oňaýsyz duýýardy. Kanun bolsa, onuň öz maşgalasyny hiç bolmanda iki ýylda bir gezek ybadathana getirmegini talap edýärdi. Ine-de, Iýerusalime barmaklygyň wagty ýakynlapdy. Bu syýahata gitmeklige ýöne bir kanun mejbur etmeýärdi. Ol şofaryň sesini we arameý dilinde gürleýän adamlaryň seslerini eşitmegi küýseýärdi. Özlerini Hudaýyň Müsürden gitmeklerini buýurmagy hakda Ýusup hemişe dileg edýärdi.
Her gün agşam gün batanda, Ýusup ýazgyly sandyjagyny açyp, Isany hem öz ýanyna çagyrardy. Oglan kakasynyň dyzynda oturýardy we Ýusup ses bilen ýa-da Töwraty, ýa-da Dawut şanyň mezmurlaryny, ýa-da Işaýa pygamberiň kitabyny okaýardy. Onsoň ol Oglany gujaklap, dileg ederdi.
Perişde görnende, Ýusup günortanyň jowzasyndan gaçyp, kölegede dynç alýardy.
— Ýeriňden tur we Çaga bilen onuň ejesini al-da, Ysraýyl ýurduna git, çünki Çagany öldürjek bolanlar aradan çykdylar.
Ýusup aşak çökdi, ýüregi bolsa dürküldäp urýardy.
— Merýem! — diýip, ol aýalyny çagyrdy.
Onuň sesinde sabyrsyzlyk eşidildi. Ýusup ýerinden böküp turdy-da, Isanyň taýak bilen tozanly ýerde bir zatlary çekip durşuna syn edip, agaçlaryň kölegesinde oturan Merýeme tarap ylgady.
— Merýem! — diýip, aýalynyň ýanyna gelip, ony ogşanda, Ýusuby şatlyk doldurýardy. — Biz öýümize dolanarys!
* * *
Ýene Ýusup bilen Merýem özleri üçin iň gymmatbaha bolan zatlaryndan başga ählisini taşlap, Hudaýyň aýdan ýerine tarap ýola düşdüler. Öýlerine bolan ýoly olar çalt geçdiler, çünki watanlaryna barmaklyga sabyr edip bilmän, deňiz arkaly gitdiler.Ýusup Merýem bilen Isany özleriniň atalary bolan Dawudyň ýaşan şäheri Beýtullahama getirmek isledi. Şäherjik Iýerusalimiň, ybadathananyň golaýynda ýerleşendi. Hudaýyň Ogly Hudaýa sežde edilýän ýeriň merkezine golaýda bolmaly dälmidir ahyryn? Ol dagyň ýokarsynda bolmaly dälmidir ahyryn?
Ýöne olar Ysraýylyň günorta serhedine gelenlerinde we şol ýerde olardan ýol salgydyny talap edenlerinde, Ýusup gerbe üns berip, howsalalandy. Ol ýüzüni çytdy.
— Hirodesiň ornunda kim şu wagt hökümdarlyk edýär? — diýip sorady.
Rim esgeri oňa seretdi-de, gülümjiräp jogap berdi.
— Sen niredediň, eý ýahudy? Onuň ornuna kim bolsun? Elbetde, onuň ogly Arhelas.
Ýusuby gorky eýeledi. Merýem Isanyň elinden tutup, ärine garaşýardy. Ýusup ýanyna dolananynda, Merýem oňa üns berip seretdi.
— Näme boldy, Ýusup?
Käwagtlar Ýusup aýalynyň kän düşgürli bolmaklygyny islemeýärdi.
— Iýerusalimde Arhelas höküm sürýär.
Merýem agardy. Arhelasyň damarlarynda Hirodesiň ganynyň akýandygyna Ýusup bilen Merýemiň ikisi-de düşünýärdiler. Ol kakasy ýaly zalym bolmazmyka? Merýem Isany eline galdyrdy.
— Biz Müsüre dolanmalymy?
Ýusup birsalym oýlanyp durdy-da, onsoň eline eşegiň ýüpüni aldy.
— Biz öňe gideris.
— Ýusup, ýöne tä Hudaýyň erkini bilýänçäk baryny oýlanmaklyk gowy bolmazmy?
Ýusup eşegi Iýerusalime tarap öwürdi.
— Merýem, hiç zat üýtgän däldir. Hudaý biziň Ysraýyla dolanmaklygymyzy buýurdy we Ol başga zat diýýänçä, biz şol ýere-de gideris.
Merýem gaty tolgunyp, mümkin bolan ýagdaýlary kellesinde aýlaýardy. Ahyrynda ol bir netijä gelip, şeýle diýdi:
— Beýtullahamda bolanymyzda goraýşy ýaly, Hudaý mundan beýläk hem bizi gorar.
Öňe gitdikleri saýyn, olaryň öýlerine dolanmaklyk şatlygy howsalalyk bilen çalyşdy. Hirodes sebäpli Hudaý olaryň Müsüre gaçmaklaryny buýrupdy. Arhelas edil kakasy ýaly öz tagtyny gabanjaňlyk bilen goramazmyka? Beýtullahama gelenlerinde, Hanna bilen Simunyň nähili sözler bilen Isany ybadathanada garşy alandyklaryny halk ýadyna salarmyka? Doguljagyny gökleriniň habar beren Çagany görmekleri üçin ýat ýurtlardan gelen müneçjimleri adamlar ýatlaryna salarlarmyka? Şeýle ýagdaýlaryň gürrüňi tiz ýaýraýardy. Adatça gürrüňleriň ýetmezçiligi bolmazdy. Täze patyşa-da hemmesini biler. Edil kakasy ýaly Arhelas hem öz tagtyna howp salýan her kesi, hatda Hudaýyň Ogluny-da öldürmäge taýyn bolar.
Dileginde Ýusup özüni rahatsyzlandyrýan zatlaryň baryny aýtmady, çünki perişdäniň buýrugy anykdy.
— Ýusup, biz şol agaçlaryň aşagynda biraz dynjymyzy alyp bilerismi? — diýip, Merýem sorady.
Ol aýalyna seretdi-de, onuň ýüzüniň derläp, gaty ýadandygyny gördi. Özleriniň serhedi geçenlerinden bäri, Merýem şu wagta çenli Isany elinde göterip gelýärdi. Ýusup eşegi ýoldan çykaryp, özleri kölegede dynç alýançalar, haýwanyň otlamagyna mümkinçilik berdi. Merýem Isany aýagyna galdyrdy-da, ýerde oturyp, ýeňillik bilen demini aldy. Gözlerini ýumdy-da, uludan demini alyp ýylgyrdy.
— Her bir ýurt özüniň hususy ysyna eýedir.
Isa oýnaýança, Ýusup özüniň doga edýän halysyny düzedişdirdi.
— Ýusup, dynjyňy alaý.
Ýusup özüniň howsalalyklary hakda aýalyna aýdasy gelmedi. Hatda bir betbagtçylyk ýakynlaşýan bolanda-da, ol aýalynyň özüni howpsuzlykda duýmagyny isleýärdi.
— Men ýadan däldirin.
Merýem onuň elinden tutdy.
— Meniň üçin biraz wagtlap gözüňi ýumaý, Ýusup.
Onsoň Merýem ýerinden turup, Isanyň ýanyna geldi. Olar yzlaryna dolanyp gelip, agajyň aşagynda ýatanlarynda, Ýusup rahatlandy. Günortanyň jowzasy edil agyr örtgi kimin onuň üstüne düşdi. Ol şeýle bir ýadapdy welin, ýagny teni ýere girip gidýän ýaly bolup göründi.
Birden Ýusup ýene-de tanyş bolan ýuwaş sesi eşitdi. Bu ses şeýle bir ýuwaşdy welin, hatda onuň ýüregi doňupdy.
— Dawut ogly Ýusup, Beýtullahama dolanma, çünki ol ýerde oňa howp abanýandyr. Jelilä tarap git-de, Nasyrada gal.
Ýusup ukusyndan turup oturdy. Günüň ýerleşişine seredip, ol birnäçe sagadyň geçendigini kesgitledi. Isa henizem ejesiniň elinde uklap ýatyrdy.
— Merýem, — diýip, Ýusup ýuwaşja seslendi.
Merýem gözlerini açyp, uky bilen oňa seretdi. Gözlerini owkalap, Merýem oturdy.
— Hudaý seniň bilen ýene-de gürleşendigine men ynamlydyryn.
— Biz Nasyra gidip, şol ýerde ýaşarys.
— Hudaýa şükür! — diýende, Merýemiň ýüzi şatlykdan doldy. Ukudan oýanan Isany ol gujaklap, ýaňaklaryndan ogşady. — Biz öýe gideris, köşejigim. Babaň bilen mamaň, daýyň bilen daýzaň ýanyna gideris!
* * *
Ýusup we Merýem Isa bilen Nasyra gelenlerinde, ýoluň ugrunda ýerleşen kiçijik şäherleriniň hiç-de üýtgemändigine olar üns berdiler. Ýöne Merýemiň ejesiniň öýi taşlanan ýalydy: öýüň arkasyndaky bag haşal otlardan doludy. Biraz gaýgylanan är-aýallar Merýemiň uýasynyň öýüne tarap gitdiler.
— Ýyl ýazgysyndan soňky ýylda seniň ejeň aradan çykdy, — diýip, şatlyk bilen salamlaşanlaryndan soň Merýemiň giýewisi gürrüň berdi.
— Siziň bilen bir betbagtçylyk bolandyr diýip, biziň barymyz oýlandyk, — diýip, Merýemiň uýasy gürrüň berdi. — Hirodesiň eden işi barada eşidenimizde, siz wepat bolansyňyz diýip oýladyk.
— Wepat bolandyrys? Bu näme diýdigiňizdir? — diýip, aljyraňňylyga düşen Merýem sorady.
— Hirodes näme etdi? — diýip, Ýusup gyzyklandy.
— Ol Beýtullahamdaky çagalaryň baryny öldürdi, — diýip, Merýemiň giýewisi gürrüň berdi. — Iki ýaş we ondan kiçi bolanlaryň baryny ol öldürdi. Hirodesiň buýrugyny ýerine ýetirýän esgerlere garşylyk görkezen ata-eneler hem gyryldylar.
Merýem özüniň gowşandygyny duýdy. Eşidenleriniň baryna doly düşüneninden soň, ol Isany bagryna basdy. Eger Ýusup Hudaýa gulak asmadyk bolsa, onda ol öldürilen çagalaryň hatarynda bolardy. Ine näme üçin Ýusup ony gijäň ýarynda turuzyp, özi bilen Isany şäherden alyp çykan eken. Ýusup näme boljakdygyny bilmändi. Hudaý oňa ýöne: «Müsüre gaç» diýdi. Hudaýyň beýik rehimi zerarly Isanyň durmuşy halas bolupdy, Hirodesiň niýetleri bolsa, puç bolupdy.
Merýemiň ýüregini gaýgy doldurdy. Hudaý onuň ogluny halas etdi, emma Hirodesiň buýrugy bilen näçe bigünä betbagt çagalar öldürildi? Olaryň ah çekýän ata-eneleri nähilikäler? Nädip dünýäde şeýle zalymlyk bolup bilerkä? Merýem Isany sypalap, aglap oturdy.
— Eje?
Merýem ýüzüni oglunyň boýnuna basdy. Uýasy hem onuň ýanyna geldi.
— Siz Nasyra dolanyp gelmäniňizde, ogluňyz bilen bile siz hem öldürilensiňiz diýip biz oýlapdyk, — diýip, uýasy aglap, Merýem bilen Isany gujaklady. — Emma siziň baryňyz diri we aman-esensiňiz. Hudaýa şükür!
— Siziň öldürilendigiňize ejeňiz berk ynanýardy, — diýip, giýewi sözüni dowam etdirdi. — Şeýle däldigine ynanyp bilmän, ol bu dünýäden ötdi.
Merýem giýewiniň sesinde höküm eşitdi we öz ärini goramaga taýyn bolup, kellesini galdyrdy.
— Müsüre gaçyp, şol ýerde garaşmalydygymyzy Hudaý Ýusuba aýtdy.
Giýewi ýüzüni çytyp, Ýusuba seretdi.
— Hudaý siziň Müsüre gitmelidigiňizi aýtdymy?
Ýusup dişlerini gyjatdy-da, hiç zat diýmedi. Merýem gazap bilen garaýşyny bir erkekden beýlekä geçirdi. Giýewiniň duşmançylygy anykdy. Emma Ýusup hiç zady-da düşündirmän, özüni-de goramady. Özüne perişdäniň görnüp, onuň Halasgäri dogjakdygyny aýdandygyna garyndaşlary şübhelenip, Merýem aldaýar diýip oýlaýarmykalar? Olar Ýusubyň ony aldap, onsoňam jezadan gaçmak üçin bu biderek bahanalary tapýandyklary baradaky gybatlara ynaýarmykalar? Indi olar Isa bilan Nasyra dolanyp gelenlerinde, bu gybatlar ýene-de direlermikäler?
Isany elinde tutup, Merýem uýasyna tarap öwrüldi. Bu aýal Merýemi Ýusupdan başga adamlaryň hemmesinden-de gowy bilýärdi. Elbetde, ol ynanar.
— Isa Beýtullahamda doglanynda, Ony görjek bolup çopanlar geldiler. Olar özlerine Hudaýyň perişdeleriniň görnendiklerini we Hudaýyň şöhratynyň özlerini gurşandygyny aýtdylar. Perişdeler özlerinden adamlaryň gorkmaly däldiklerini aýdypdyrlar, çünki olarbeýik şatlyk barada habar getiripdirler. Şol gije Beýtullahamda Halasgär Mesih doguldy. Perişdeler bolsa çopanlara olaryň ahyrda gundaga dolanan Çagany tapjakdyklaryny aýdypdyrlar.
— Ahyrda? — diýip, uýasy gaýgy bilen aýtdy.
Bu onuň eşidenleriniň ýekejesi boldumyka? Ol pygamberligiň amala aşýandygyny görmedimikä?
Giýewisi güldi.
— Agylda dogulan Mesih! Biz muňa ynanarys öýdýäňmi?
Merýem gözýaşlaryny zordan saklaýardy.
— Beýtullahamdaky öýümize müneçjimler geldiler. Olar Isa doglanynda peýda bolan täze ýyldyza eýerip gelendiklerini bize gürrüň berdiler. Olar sowgatlar getirdiler. Mesihiň nirede dogulandygyny biljek bolup, olar ilki Hirodesiň ýanyna barypdyrlar.
— Merýem… — diýip, uýasy ony köşeşdirjek boldy.
Giýewisi bolsa, Ýusuba gahar bilen seretdi.
— Sen nädip bularyň baryny oňy ynandyryp bildiň?
— Men hakykaty diýýän! — diýip, Merýem ýüzlendi. — Näme üçin sen maňa ynanmaýaň?
— Sem bol, — diýip, uýasy ärine ýüzlendi. — Haýyş edýän.
— Muňa ynanýandygyňy maňa aýdaýma!
— Men öz jigimi gowy bilýändirin, — diýip, uýasy Merýemi berk gujaklady. — Ol hiç haçan-da aldamandy.
— Men şu wagt hem aldaýan däldirin! — diýip, Merýem gazap bilen aýtdy. Isa — Mesih. Hawa, Ol — Halasgär!
Giýewisi kellesini ýaýkady.
— Ol däli bolupdyr.
— Ol hakykaty aýdýar, — diýip, Ýusup ýuwaşlyk bilen aýtdy.
Birsalymlap giýewisi Ýusuba seredip durup, onsoň ýüzüni çytdy.
— Hatda men muňa ynanaýanymda-da, munuň nähili peýdasy bolar? Iň esasy zat — biziň şäherimizden ýene-de biri muňa ynanarmy? — Giýewisi Isa seretdi we gülümjiredi. — Çaga nikadan soň gaty tizara doguldy, bu bolsa masgaraçylykdyr. Özüni söýýän bu gyzjagaz bolsa, Mesihi dogdum diýýär! Hiç kim-de hiç haçan muňa ynanmaz.
Aňk-taňk bolan Merýem öz giýewisine diňe hasrat bilen seredip bilýärdi. Ýusup bolsa aşak egildi-de, Isany eline galdyrdy.
— Ýör gideliň, Merýem, — diýip aýtdy-da, ol bir eli bilen aýalyny gujaklady.
— Bagyşla, — diýip, uýasy pyşyrdady.
— Olaryň öňünde ötünç sorama, — diýip, äri aýalyna gazap bilen seredip aýtdy. — Bu onuň günäsi we ol biziň neslimizi masgaralady.
— Sen ýalňyşýarsyň, — diýende, Merýemiň dodaklary titredi. — Ýusuby günäkärlemäge esas ýokdur, Isa — Hudaýyň bellänidir. Wagty gelende, sen hakykaty bilersiň!
Wagty gelende Merýem üçin ar alnar. Olar onuň Oglunyň tagtda oturanyny görerler we Ol olary hakykat bilen höküm eder.
— Onuň goşunyň başynda durup, rimlileri Iýerusalimden kowşuny görenimde, şonda Onuň Mesihdigine ynanaryn!
Özüni Ýusubyň gapa tarap itekleýändigini Merýem duýdy. Uýasy bilen giýewisine ýene bir zatlar aýtmaklyk islegi bilen ol ärine garşylyk görkezdi. Gahar Merýemi doldurypdy, emma Ýusup öz diýeninde durdy. Olar inçejik köçä çykdylar.
— Beýle zat bolar diýip men garaşmandym, Ýusup. Näme üçin olar hakykat deregine ýalana ynanýarlar? Beýle… kölegede Isa üçin gaty kyn bolar.
— Hudaý bizi bu ýere getirendir, Merýem. Indi näme boljakdygyny men aýdyp bilmeýärin. Mähribanym, biz Hudaýdan güýç alyp ýaşamalydyrys.
— Eje? — diýip, öýkeläp gahar eden Isa gözüniň ýaşlary bilen ýüzlendi.
Ýusup mähir bilen çaganyň kellesini sypalady, emma oglan howsalalyk bilen ejesine seretmegini dowam etdirdi. Onsoň Isa kakasyna seretdi we Ýusup ýylgyrdy-da, onuň ýaňaklaryndan saçlaryny aýyrdy. Merýem Ýusubyň Isany nädip söýýändigini gördi we Ýusup üçin haýpy geldi. Özüniňki ýaly äriniň hem abraýy masgaralanypdy. Adamlar Ýusup Merýemi aldap, nikadan öň onuň bilen ýatypdyr diýýärdiler.
Hudaýyň erki bilen bolandygyny bilen her bir adam özüniň abraýynyň masgaralanandygyny arkaýynlyk bilen kabul edermikä? Eger Hudaý talap edýän bolsa, onda öz öýüni, işini taşlap, ýat ýurtlara gitmäge her bir adam ukyplymyka? Ähli hojalygyny ikinji gezek taşlap, ýaş gyzy aldap, onuň bilen ýatyp, onsoňam onuň kellesini perişdeler we geljek Halasgär baradaky biderek pikirler bilen doldurypdyr, diýilýän gybatlardan doly şähere dolanmaklyga her bir adam ukyplymyka?
Merýem özi üçin är edip, Hudaýyň saýlan adamyny gün-günden has-da güýçli söýýärdi. Ýusup ilkinji duşuşykda onuň göwnünden turupdy. Her bir täze synag bilen Merýemiň Ýusuba bolan hormaty artýardy we indi bolsa, ol ärini durmuşa çykan gününden has-da güýçli söýýärdi.
Ýusup Isany aýagyna galdyrdy we Merýem ogluny eline aldy. Ýol boýunça aşak düşenlerinde bolsa, Isa kakasynyň elinden tutdy. Merýem ärine ýylgyryp seredende, agyr ýüküň egninden gaçandygyny duýdy.
— Ýusup, wagty gelende olar Isanyň ygtyýarlyga eýe bolanyny görerler. Şonda olar biz baradaky ýalňyş pikirlerine düşünerler.
Gözýaşlaryny süpürişdirip, Merýem kellesini gadyrdy-da, ümsümje öz ýoluny dowam etdirdi.
* * *
Özleriniň gidenlerinden bäri Ýusubyň kiçijik öýi hiç-de üýtgemändir. Ýusup özüniň ussahanasyny oňaryşdyryp, onda her hili gurallar ýasap, maşgalasyny ideýärdi. Beýtullahamda iş bolmanynda, ol daňdan turup, goňşy şäher bolan Sepforise giderdi. Bu şäherde baý adamlar ýaşaýardylar we olar oňat ussalary gözleýärdiler. Ýusup hem olar üçin agaçdan gapylardyr her dürli gurallar ýasap, gowy pul gazanýardy.
Durmuş hemişekisi ýaly dowam edýärdi: gün-güzeran görmeklik üçin her gün irden turup, kän işlemelidi. Her gün daňdan Merýem bilen Ýusup bile turýardylar. Merýem doga edip, öz öýi üçin Hudaýdan pata dileýärdi. Onsoň Ýusubyň ussahanasyna ýa-da Sepforise gitmezinde ozal onuň eşegine iým berip, suwa ýakýardy. Onsoň ol Isa bilen bile hemmeleriň ondan suw alýan guýusyna gidýärdi. Merýem bakjada ýa-da gülleriň hatarlarynda işleýärdi. Ol çyralar üçin ýag sykýardy, öýi gyzdyrmak üçin odun ýygnaýardy, haly dokaýardy, tikin tikip, nahar bişirýärdi.
Isa üçin Merýem özüne perişdeleriň görnendikleri, täsin ýagdaýda göwreli bolşy we müneçjimleriň gelip, sowgatlar berişleri hakda ýatlamaýardy. Ol Hudaýyň Ýusup bilen dört gezek gürleşendigi hakda hem hiç zat gürrüň bermeýärdi. Günleriň birinde Isa Özüniň güýjüni aýan edip, Öz niýetlerini açanda, Onuň bu dünýä nädip gelendigi baradaky hakykaty halk biler. Emma şu wagt Merýem bu täsinlikler hakda hiç zat aýtmaz. Ol Mukaddes bolan Hudaýyň Oglunyň üstünden samsyklaryň gülmeklerine ýol bermez.
Durmuşlarynyň adatydygy kä wagtlar Merýemi geň galdyrýardy. Isa edil beýleki çagalar ýalydy, Ol olardan hiç-de tapawutlanmaýan ýalydy. Ýöremekligi öwrenmezinden ozal ilki emedeklemegi öwrenipdi. Ilkinji ädimlerine başlanynda, Ol büdräp ýykylýardy we aýagyna şikes ýetirýärdi. Gürlemäge başlamazdan ozal Ol beýleki çagalar kimin öz dilinde bir zatlar diýýärdi. Ol gaty bilesigelijidi, Ol eliniň ýeten zadyna elini uzadyp, tutmak isleýärdi.
Ähli eneler öz çagalary bilen magtanýardylar, emma Merýem olaryň hiç biriniň-de Isa bilen deňeşip bilmejekdigini bilýärdi. Isa ýaly kämil, söýgüden doly, töweregindäkilere gaty ünsli çaga ýokdy. Isa hiç haçan-da gözýaşlary bilen Merýeme täsir etjek bolmady.
Käbirleri Isa Merýeme meňzeýär hem diýýärdiler.
— Isanyň alkymy seniňkidir, Merýem… Onuň burnu-da seniňkidir…
Hiç kim we hiç haçan-da Onuň gözleri ejesiniňki ýaly diýip aýtmady.
Isa çagalygyndan ulalanyndan soň Ýusubyň özi onuň saçlaryny aldy. Şol gün olar baýramçylyk etip, Merýemiň ähli garyndaşlaryny we köne dostlaryny çagyrdylar. Myhmanlara pisse we kişmişli çörek hödürlerdiler.
Her gezek Ýusup Sepforisden dolananda, günüň ýaşmagynyň öň ýanynda Merýem Isa bilen Nasyranyň çetine çykýardylar.
— Eje, honha ol! — diýip, Isa ýol bilen öýüne tarap gelýän Ýusuby görüp aýtdy. — Kaka!
Ol kakasyny garşylamak üçin oňa tarap ylgaýardy.
Her gün agşam Ýusup Isany dyzynda oturdyp, oňa ýazgylardan okap berýärdi. Ýusup özüniň nesilbaşysy bolan Dawut şanyň mezmurlarynyň ençemesini ýatdan birýärdi. Merýem ärini diňlemegi halaýardy. Olar Merýemiň taýýarlan naharyny iýip, günüň wakalaryny ara alyp maslahatlaşardylar.
Ýusubyň ýeterlik işi bolup, öýde galanynda, Isany-da öz ussahanasyna ýany bilen alyp gideninde, Merýem gaty hoşal bolýardy. Olara çörekdir suw getirip, Merýem olaryň işlerine syn edip, birsalym ussahanada eglenerdi. Iş gurallary: çekiç, byçgy we atagzy bilen nähili işlemelidigini Isa öwretmeklik üçin Ýusup ýekeje-de mümkinçiligi sypdyrmaýardy.
Isa ulalanda bolsa, ähli gurallar bilen işlemegi başardy. Bilelikde işlemäge olaryň ikisi-de şatdylar. Ýusup sabyrly mugallymdy, Isa bolsa oňat okuwçydy.
— Indiki gezek Pesah baýramynda ybadathana gidenimizde, men saňa ullakan altyn sütünlerini görkezerin, — diýip, Ýusup Isa aýtdy. — Bu sütünler — hünärment usslaryň elleriniň işidir. Olar ilki agajy ýonup, ondan sütün ýasapdyrlar, onsoň bolsa altyn bilen çaýypdylar. Indi bolsa, sütünleriň durşy sap altyndan edilen ýaly görünýär.
Agşamlaryna Merýem haly dokap oturşyna, Ýusubyň Töwraty, pygamberleriň kitaplaryny we Zebury okaýşyny diňleýärdi. Hut Ýusubyň Özi Isa hat ýazyp, kitap okamaklygy öwredipdi. Isanyň alty ýaşy dolanda, Ýusup Onuň bilim almyklygy üçin Ony mugallymyň ýanyna eltipdi.
Şondan soň tizara Merýem öz dilegine jogap aldy.
Merýem gapyda durup, Ýusubyň okara ýasaýşyna syn edip durdy.
— Ýusup, hususy ogul edinmegi isleýändigiň barada sen hiç haçan-da aýtmadyň.
Ýusup aýalyna seretdi-de, başyny ýaýkady.
— Hudaýyň maňa bereninden artygyny isläp bilmerin ahyryn! Günde men Isa seredip, Ysraýylyň umydynyň ulalýandygyny görýärin.
— Isanyň doganlary bolsa gowy bolardy.
Isanyň kakasy bilen ejesiniň nikalaryndan soň tizara dogulandygy barada henizem adamlar pyşyrdaşýardylar. Olar Oňa hasap etmezlik bilen seredip, çagalaryny-da şoňa öwredýärdiler.
— Çagalar Hudaýyň patasymy? — diýip, Merýem öz islegini gizlemän sorady.
Ýusup başyny galdyrdy-da, ýylgyrdy.
— Hudaýyň özüme beren patasyndan artygyny men dileýän däldirin.
— Hudaý Özüni söýýänlere pata berip, olara rehimdarlyk edýändir.
Merýem äriniň agajy oýup, ondan okara ýasaýşyna gyzyklanma bilen seredip durdy. Ol Ýusubyň işleýşine syn etmegi halaýardy, çünki Ýusup erjellik bilen işleýärdi. Ol güýçli, mähirli we söýgüli är we kakady. Ol Hudaýa gije-gündiz doga edip, Oňa bil baglaýardy.
— Hudaý Öz söýgülilerine pata üstüne pata berýändir.
Merýemiň ýüregi şatlykdan doludy we äriniň hem muny paýlaşmagyny isleýärdi.
Ýusup ýene-de aýalyna seretdi we bu gezek onuň ýüzi çytykdy, gözlerinde bolsa sorag görünýärdi. Äriniň Hudaýdan artyk zady dilemeýändigini Merýem bilýärdi. Emma Merýemiň özi soraýardy. Ol Hudaýdan öz ärine täze patalar bermegini dileýärdi. Doganlarynyň bolmagynyň nähili oňatdygyny Isa hem bilmelidir ahyryn!
— Hawa, Ýusup. Hudaý bize pata berdi, — diýende, äriniň şatlanandygyny görüp, Merýemiň gözleri gözýaşlardan doldy. — Biziň çagamyz bugdaý oragyna ýakynlap doglar.
Ýusup gujaklanynda bolsa, Merýem şatlykdan güldi.
Dördünji bap
Merýem ikinji ogluny hem edil Isanyň dogluşy ýaly şatlyk we buýsanç bilen garşylady. Bäbegi bagryna basyp, emdirende onuň ýüregi ereýärdi.
— Ine, Isa. Bu seniň doganyň Ýakup.
Merýem bäbegi Isa berdi we Onuň gözüni aýyrman bäbege seredýändigini görende, Merýem şatlyk bilen ýylgyrdy. Onsoň ol Isanyň ýüzünden saçlaryny aýyrdy.
— Ol çagalaryň iň patalysydyr, çünki onuň uly dogany bardyr.
Soňky aýlar Merýem üçin açyşlaryň döwri boldy, çünki ol iki oglunyň arasynda gaty kän tapawutlary gördi. Isa bilen deňeşdirilende, Ýakup kän aglap, özüne ünsi çekdirýärdi.
Guýunyň boýunda aýallar hemişe-de maslahat bermäge taýyndylar.
— Eger sen onuň gygyrmaklygyna ýol berseň, onda ol ynjyk oglan bolup ulalar.
Aýallaryň biri ulumsylyk bilen şeýle diýdi:
— Hawa, Merýem, sen hemişe-de gün şol bir ýerden çykyp, şol ýerden-de batýandyr öýdýänsiň!
Ol aýal suwly küýzesini aldy-da, ol ýerden aýryldy.
— Her çaganyň öz näzi bardyr, — diýip, beýlekisi aýtdy. — Eger ilkinji çaga beýlekilerinden gulak asyjy bolup doglan bolsa, onda beýle çagany terbiýelenek gaty kyn bolar. Kämil çaga bolýan däldir.
— Ýakubyň Isa ýaly bolmaklygyny men nähili küýseýän, — diýip, bir gezek Merýem boýun aldy.
— Eger olaryň atalarynyň bir bolanynda, onda bu mümkin bolardy, — diýip, Ýusup Merýemiň elinden tutdy. — Merýem, biz çagalarymyza sap ynsap bilen Hudaýyň ýollaryny öwrederis. Biz Hudaýyň islän durmuşy bilen ýaşamaklyga synanyşarys. Ýakup ulalanda bolsa, onuň özi öz ýoluny saýlar.
Isa öňküleri ýaly okuw bilen işiň arasynda wagt tapyp, Merýem bilen gürrüň ederdi. Adatça ol özüniň kiçi doganyny dyzynda oturdyp, ejesine soraglar berýärdi. Ýygy-ýygydan Isa Merýemiň kellesine ýygmajak zatlar barada gürrüň ederdi.
— Sen bu barada Ýusupdan soramadyňmy?
Şeýdip jogapdan gaçmaklyk Isa ýaramaýardy.
— Men senden soraýaryn, ejejan.
— Men ejem bilen kakamyň kanundan maňa öwredenlerinden artyk bilýän däldirin.
Şeýdip, Merýem kanundan özüniň ýatdan bilýän böleklerini gaýtalady, emma Isa ondan bu bölekleriň düşündirişini eşitmek isledi. Bir gezek ol näme üçin oglanlaryň heýwere kesellä daş atýandyklaryny sorady. Merýem bolsa heýwereliler hakdaky kanunlary aýdyp berdi.
— Şonuň üçin olar garry syrkaw adama daş atyp bilýärlermi?
Isanyň gözlerindäki agyryny görende, Merýemiň damagy doldy. Merýem Isanyň kellesini sypalady.
— Sen mamlasyň. Gödekligi aklap bolýan däldir.
Hudaý ýene-de Merýemiň ýatgysyny açdy we Ýakubyň yzysüre kakasynyň adyny alan kiçijik Ýusup doguldy. Onsoň Merýemiň ejesiniň ady dakylan Hanna doguldy.
Çagalar Isany söýýärdiler we olaryň her birleri ata-eneleriniň ünsüni özlerine çekişleri ýaly, Isanyň hem ünsüni özlerine çekýärdiler. Uly dogany öýde bolanda, Hanna Onuň dyzynda oturmagy gaty halaýardy. Ol Isanyň gürrüň bermekligini haýyş edýärdi we Merýem Isanyň öz jigilerine Nuh we onuň haýwanlardan doly gämisi hakda, Ýunus bilen uly balyk hakda, guýa taşlanan Danyýel hakda berýän gürrüňlerini diňleýärdi. Agşamlaryna bolsa, Isa aýdym aýdardy. Merýem bilen Ýusup aýdymyň sazyny bilenlerinde, Oňa goşulyşýardylar. Ýöne Isa käwagtlar täze aýdymlar hem aýdardy.
Her gün irden Merýem Isany ogşap, Ony sinagoga ibererdi. Ol ýerde Isa öz ýaşdaş oglanlary bilen Töwraty öwrenýärdi. Özi bilen Isanyň öňküleri ýaly kän wagt geçirmeýändigi üçin Merýem biraz gaýgylanypdy. Isa ulalypdy, Merýemiň günleri bolsa, hojalygyň işleri bilen doldurylandy. Öýüne dolanyp gelip, indi Isa ejesi bilen oturyp, gürrüň etmeýärdi. Ol kakasynyň ulalyp barýan maşgalasyny eklemegi üçin pul gazanar ýaly göni ussahana giderdi.
Bu pikirler boş ýerden peýda bolýardy we Merýem titräp, olar zerarly howsalalanýardy. Ol bu pikirleri kowjak ýaly bolup, maňlaýynyň derlerini elleri bilen süpürişdirdi. Emma bu pikirler nätanyş biriniň sesi ýaly ýaňlanýardy.
Şeýle duşmançylykly pikirler onuň kellesine nädip gelip bildi? Ol Isanyň Kimdigini bilýär ahyryn! Merýem özüniň ilkinji oglunyň Mukaddes Ruhdandygyny bilýär. Merýem Onuň uzak wagtlap garaşylan Mesihdigini hem anyk bilýärdi.
Köçeden tanyş sesler we urgy sesleri eşidildi; Merýem öýünden çykdy-da, Ýakup bilen Ýusubyň agaçdan ýasalan gylyç bilen uruşýandyklaryny gördi. Merýem uludan demini aldy. Ol ikisi edil ýumruk bilen ilkinjilik hakyna eýe bolmaklyga taýyn ýalydylar. Merýem öz çagalaryndan heniz diňe Isanyň bolan wagtlaryny küýseýändigini aňyp galýardy. Söýgüli Isa tebigaty küýseg bilen öwrenýärdi, ýöne Özi hiç haçan-da bu tebigatyň bir bölegi ýaly däl bolup görünýärdi. Onuň Ogly bu dünýäden däl. Onuň Ogly Mukaddes Ruhdan. Nädip Merýem Ony beýlekilerden artyk söýmesin?
Tizara ýowuzlanyp barýan çagalarynyň oýunlary Merýemiň ünsüni özüne çekdi. Ýakup özüniň kiçi doganyny ýere ýykyp, aýagyny onuň üstünde goýdy-da, agaç gylyjyny onuň ýüregine diredi.
— Sen ölüsiň!
Ýusup aýagyna galdy, onuň hapa ýüzünden gözýaşlar akýardy.
— Rimli bolmaklyk nobaty indi seniňkidir!
— Besdir! — diýip, Merýem gygyrdy-da, şol pursat-da özüniň gödekligi üçin ökündi. Näme üçin oglanlar uruşmagy halaýarlar? Edil özüniňki ýaly, ähli ýahudy oglanlarynyň islegini — rimlileriň zynjyrlaryny üzmeklikdi.
Hut şu maksat bilen hem Isa gelendir, emma bu halas bolma edil ýahudylaryň pikir edişleri ýaly bolarmyka? Isa — Merýemiň Ogly. Ol Hudaýyň Ogly. Dawut şanyňky ýaly Ol hem Iýerusalimiň köçelerinden geçermikä? Näme üçin muny göz öňüne getirmek Merýeme kynka? Özüniň urşujy doganlaryna şeýle söýgi bilen seredýän bu Oglan nädip Özüni görkezerkä?
Isanyň hem göreşmelidigini Merýem bilýärdi. Isanyň heniz kiçi çagaka, gijelerine basyrganýandygyny Merýem ýadyna düşürýärdi. Merýem Ony eline alyp, Onuň birahatlygynyň sebäbini soraýardy, emma Ol Merýeme hiç zat aýtmaýardy. Isa sinagogadan gelende, Onuň gözlerinde Merýem agyryny, bir adam bilen adalatsyz gatnaşyk edenlerini görende bolsa, Onuň gaharly bolýandygyny görerdi. Käwagtlar Isa kellesine doga örtgüsini atyp, uzak wagtlap oturardy, ýüzi bolsa çytylyp, maňlaýy derlärdi.
Bir gezek Merýem Ondan şeýle diýip sorady:
— Näme üçin sen beýle gaharlysyň? Näme bolandygyny aýtsana!
— Aýdanymyň näme peýdasy bolar?
— Saňa ýeňil düşer.
Ogly ejesine seredende, Isanyň gözleri rehimdarlykdan doldy.
— Ejejan, Men ýeňillenmäge mätäç däldirin. Men täze güýje mätäçdirin. Meniň üçin onuň wajyp bolanynda, ol güýç hokman geler.
Merýem öz diýeninde durjak boldy, emma şol pursat Ýusup öýe girdi. Ol gaty sussypes görünýärdi. Merýemiň ýüregi ýaryldy.
— Tobiýas seniň zähmet hakyňy tölemedimi?
— Ol özi üçin garaşylmadyk ýagdaýyň ýüze çykandygyny aýdyp, indiki aý tölärin diýdi.
Merýem dere batdy. Bu adalatly däldir! Şeýle hyjuw bilen uzak wagtlap işlän Ýusup zähmet haky tölenýänçä garaşmaly. Tobiýas karzyny üzüp bilerdi. Ol ýaşulular bilen derwezeleriň alnynda oturýandyr! Garaşylmadyk ýagdaý! Hut düýn onuň öz kiçi ogly üçin gatyr satyn alandygyny Merýem eşidipdi. Merýem gazap bilen ýerinden turdy.
— Men onuň ýanyna gidip, onuň bilen gürleşerin.
Ýusup aýalyna seretdi.
— Sen hiç ýere-de gitmersiň.
— Bu adalatly däl, ol seni aldaýar! Eger meni goýbermeseň, onda Isa baryp, onuň bilen gürleşsin.
— Merýem, — diýip, Ýusup gaýgy bilen aýtdy, — Özi üçin oňaýly bolanda, Tobiýas tölär. Ol hemişe-de meniň zähmet hakymy töläp geldi.
— Oňa tölemek oňaýly bolýança biz nädip, çörek satyn alarys?
— Sepforisde iş kändir.
— Bu adalatly däl, Ýusup, — diýip zeýrenende, Merýemiň gözlerinde gözýaş peýda boldy. — Sen gaty kän zähmet çekýärsiň.
— Merýem, bize çörek berýän Tobiýas däldir. Gündelik çöregimizi Hudaý günde berýändir.
Ertesi gün irden Ýusup bilen Isa Sepforise gitdiler. Agşam bolsa Hanna keselledi.
* * *
Iki gün geçdi, ýöne gyzdyrma gowşanokdy. Hiç zat hem kömek etmedi. Hanna yzyny üzmän aglaýardy, Merýem bolsa ony elinde göterýärdi. Bu gezek oglanlar özlerini ýuwaş alyp bardylar. Olaryň öz jigilerine ýürekleri awap, ejeleriniň gaty gaýgylanýandygyny görýärdiler. Kesellemäniň üçünji güni Hanna huşundan gidip ýatyrdy.
Ýusup bilen Isa Sepforisden gelenlerinde, Merýem gözýaşlary bilen ärine tarap ylgady. Olaryň kiçi çagasy ölüm ýassygyndady.
Isa ussa gurallaryny goýdy-da, otagdan geçdi. Ýusup Merýemi berk gujaklady. Merýem bolsa, äriniň egninden uzalyp, uly Ogluna seretdi.
Uzak wagtlap Isa jigisiniň düşeginiň üstünde durdy. Onsoň Ol onuň düşeginiň ýanynda dyza çökdi.
— Hanna, — diýip, Isa ýuwaşja aýtdy-da, barmaklary bilen jigisiniň maňlaýyny sypalady.
Gyzjagaz uludan demini alyp, gözlerini açdy. Merýem äriniň elini güýçli gysdy.
— Isa, — diýip, Hanna ýylgyrdy, — Sen öýdesiň.
Gyzjagaz Isa tarap elini uzatdy. Isa bolsa jigisini eline aldy-da, ýerinden turdy. Gyzjagaz elleri bilen doganynyň boýnundan ýapyşyp, kellesini Onuň egnine goýdy. Isa ýaňaklaryny onuň boýnuna degrip, gözlerini ýumdy.
Merýem gapynyň ýanynda oturdy, ýüregi bolsa dürküldäp urýardy, bütinleý titreýärdi. Ýusup onuň egninden berk tutdy. Merýem gülüp başlady we elleri bilen ýüzüni ýapdy, ýaňaklaryndan bolsa, gözýaşlar akýardy.
— Eje, Hanna sagaldy, — diýip, Ýakup ýerinden turdy. — Indi biz oýnamaga gitsek bolarmy?
— Hawa, ol sagaldy. Oýnamaga gidiberiň.
Ýaşajyk Ýusup hem onuň yzyndan ylgap gitdi. Ýusup bilen Ýakubyň täsin halda sagaldylmagyň şaýatlary bolandyklaryna seretmezden, olaryň hiç zada düşünmändiklerini Merýem bilýärdi.
* * *
Isanyň dosty Ýoşiýa mugallymyň tabşyrygy bilen Ýusubyň ussahanasyna geldi.
— Häziriň özünde siziň onuň ýanyna barmagyňyzy mugallym isleýär. Bu Isa degişlidir.
— Onuň bilen näme boldy? — Ýusup guralyny elinden taşlady-da, üstlerini kakyşdyryp, oglan bilen köçä çykdy.
— Mugallym ýene Ondan nägile boldy.
— Onuň öň Isadan nägiledigini men bilmändim, — diýende, Ýusup özüniň boýny bilen arkasynyň derländigini duýdy. — Ýoşaýa, näme boldy?
— Men bilmeýärin, — diýip, oglan jogap berdi-de, başyny ýaýkady. — Isa ýöne mugallyma sorag berdi, mugallym bolsa gyzardy-da, gaharyndan bütinleý titräp başlady. Onsoň ol meni siziň yzyňyzdan iberdi.
Olar çaltlyk bilen şäheriň merkezindäki sinagoga tarap gitdiler. Olar sinagoga gireninde, Ýusup ýagdaýyň oňat däldigini duýdy. Mugallym sowuk sesi bilen kanunyň bir ýagdaýyny düşündirýärdi. Ýusuby görüp, ol ellerini şarpyklady.
— Şu günlükçe ýeterlikdir. Şu eden gürrüňlerimizi ýolda ýadyňyza salyň. Bu zatlar barada oňatja oýlanyň.
Ellerini bulaýlap, ol okuwçylary goýberdi. Öňde oturan Isadan başga oglanlaryň bary ýerlerinden turup, gapa tarap howlukdylar. Howsala düşen Ýusup Onuň ýanyna baryp, egnine eline goýdy. Mugallym ellerini ýeňine salyp, Isa çiňerlip durdy.
— Men
Ýusup haýran galyp, mugallyma seretdi.
— Mugallym?
Sinagoga — bu sorag berilýän, kanun öwrenilýän ýerdir. Ýusup aljyraňňylyk bilen mugallymdan Isa, Isadan mugallyma seretdi.
— Onuň bilen gürleş! — diýende, mugallymyň gözleri ýalpyldady. — Meniň mugallymdygymy düşündir we eger Ol meni ikiýüzli we gopbamsy edip görkezýän soraglaryny bermekligini bes etdirmese, onda men Ony sinagogadan kowaryn. Ýönekeý ussanyň oglunyň özümi biabraý etmegine men ýol bermerin.
Ýusuba edil ýüregi atylyp çykjak ýaly bolup görünýärdi. Ol Oglunyň egninden elini aýyrdy-da, öňe ädimledi, emma Isa onuň elinde tutup saklady.
— Men sizi masgaralamak islemedim, mugallym, — diýip, Oglan mertebeli aýtdy we başga ýekeje-de söz aýtman, göni mugallymyň gözüne seretdi.
Mugallymyň gahary ýitdi. Onsoň ol sesini çykarman, kakasy bilen ogluna seretdi.
— Size duýduryş berildi.
Isa bilen sinagogadan çykanlarynda, Ýusup Onuň haýsy soragynyň mugallymy şeýle gaharly edendigini bilmek isledi. Emma ol Isanyň gözlerine seredende, olarda gözýaşlary gördi. Ýusup titredi-de, Oglunyň egnine elini goýdy.
— Ol Seni boýdaşlaryň öňünde kemsitdimi?
«Elbetde, kemsitdi» — diýip, Ýusup oýlandy we ol şeýle bir gaharlydy welin, hatda mugallymyň ýanyna dolanyp baryp, göwnündäkileriň baryny aýtmaga-da taýyndy.
Isa ýene-de başyny ýaýkady.
— Näme üçin adamlar beýle kesirdirler?
Özünden Isanyň jogaba garaşmaýandygyny Ýusup bilýärdi.
* * *
— Sinagogada Isanyň Towraty okamaly güni ýetip geldi. Aşakdaky erkeklere seretjek bolup Merýem howlukmaçlyk bilen aýallaryň arasyndan geçip barýardy. Okyjy owazly edip
— Omyn.
Towratyň okalýan ýerinde Isany mugallym bilen ýygnaga ýolbaşçylyk edýän baş täjir garşy almalydylar. Olaryň yzlarynda şäheriň ýedi ýaşululary oturdylar, olaryň yzlarynda bolsa, öz kärlerine laýyklykda, ähli erkekler öz orunlaryny eýeläpdiler. Ussalaryň arasynda Merýem Ýusuby, Isany, Ýakuby we kiçi Ýusuby gördi.
Merýem bu güne kän garaşypdy — by gün onuň ogly bütin ýygnagyň öňünde Towraty okar. Bütin märekäniň öňünde Ol Özüni Mesih diýip yglan edermi? Onuň Hudaýyň bellänidigini adamlar bilerlermikä?
Mugallym ýanyndaky sinagoganyň ýolbaşçysy we ýygnagy alyp baryjy bilen bile äht sandygyna ýakynlaşdy-da, ondan Towratyň ýazgylaryny çykardy. Bütin ýygnak ýerinden turdy-da, bir ses bilen gaýtaladylar:
— Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi:
«Galkyn, eý Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn,
Seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
Isa ussalaryň oturan hataryndan ýerinden turdy we öňe ýöräp barşyna, doga örtgüsini düzedişdirýärdi. Ýigit üçin Ol Özüni mertebeli tutýardy. Özüni alyp barşy bilen Onuň öz boýdaşlaryndan tapawutlanýandygyny beýlekiler görmeýärmikäler? Towrat okalýan ýere Isanyň ýakynlaşanynda, Merýemiň ýüregi çaltlyk bilen urup başlady. Merýem bilen Ýusup hakda gybat edenler üçin şu gün bir uly täzelik aýdylyp, Isany bütin Nasyra belli etjek waka amala aşarmyka? Ahyrynda, hemmeler onuň Olgunyň Mesihdigini bilerlermikä? Onuň daşyna üýşüp, Ony şöhratlarmykalar? Olary nirä äkitse-de, olar Onuň yzyna eýerermikäler?
Isa okyjynyň ýerinde durup, elinde Towratyň ýazgylaryny tutup durdy.
— Çünki, ine, ol gün ojakdaky ot kimin ýanyp gelýär; bütin tekepbirler, ähli erbetlik edýänler samana döner, gelýän gün olary ýandyrar, goşunlar Rebbi diýýär, olarda kök we şaha galmaz, — diýip, Isanyň bu sözlerini okanda, Merýemiň teni tikenekläp gitdi. Onuň sesi oglanyň sesi ýalydy, emma Ol buýruk beriji heň bilen okaýardy. Beýlekiler hem muňa üns berdilermikä? — Ýöne Meniň adymdan gorkýanlar, size dogrulyk Güni dogar, onuň ganatynda şypa bolar; siz çykyp, ýatakdaky göleler kimin böküşersiňiz. Erbetleri basgylarsyňyz; çünki taýýarlan günümde olar siziň aýaklaryňyzyň dabany astynda kül bolarlar, goşunlar Rebbi diýýär.
Merýemi tekepbirlik öz gününe goýmaýardy. Ýusup ýylgyrdy-da, aýalynyň ýalpyldaýan gözlerine seretdi.
— Bendäm Musanyň kanunyny, ýagny Meniň oňa bütin Ysraýyl üçin Horebde tabşyran kanunymy, parzlary we hökümleri ýatlaň, — diýip, Isa okamagyny dowam etdirdi. — Ine, Rebbiň uly we gorkunç güni gelmezden öň, Men size Ylýas pygamberi ýollarýaryn. Men gelip, dünýäni heläkçilige sezawar etmezim ýaly, ol atalaryň ýüreklerini ogullara tarap, ogullaryň ýüreklerini bolsa, atalara tarap öwrer.
Merýeme edil özüniň ýüregi birsalymlap saklanan ýaly boldy. Ol özüniň Ogly üçin däl-de, öz halkynyň geljegi üçin gorkdy. Özüniň beýleki çagalary bilen näme bolar? Olar Isanyň Hudaýyň ýollanydygyna ynanyp, muzdunyň näme bolýandygyna seretmezden, Onuň yzyna eýererlermikä? Ýa-da olar öňküleri ýaly Onuň diňe rehimdarlygyny, söýgüsini görüp, ondan ulusyna göz ýetirip bilmezmikäler? Ol — Ysraýyly gulçulykdan halas etjek Hudaýyň gökden iberenidir.
Aşak seredip, Isany görende, Merýemiň ýüregi ene guwanjyndan doldy. Nasyranyň erkekleri Onuň daşyna üýşüp, ilkinji gezek Towrat okandygy bilen gutladylar. Bu beýik we şöhratly gündi! Merýemiň daşyna hem aýallar üýşüşip, ony şeýle ajaýyp ogul bilen gutladylar.
— Merýem, Ol gaty gowy okaýar… Ol Özüni mertebeli alyp barýar…
Ýaşulularyň biri dabara aýdymyny aýdyp başlady we beýlekiler hem oňa goşulyşdylar. Olaryň sesleri gitdigiçe batlanyp, ýokarlara galýardy.
Merýem Isa seretdi. Isa bolsa Oňa seredende, ýüzündäki howsala Merýemi geň galdyrdy. Isa göni Merýeme seredýärdi we Merýem öz kellesindäki pikirleriň ugruna düşündi.
Merýem ýene-de Isa seretdi-de, sowuk ellerini ýaňaklaryna degirdi.
Isanyň ýüzi ýene-de açyldy. Şatlanyp ellerini galdyranda, Onuň gözleri nur saçýardy. Onuň töweregindäkiler bolsa tans edip, Ony orta aldylar.
* * *
Günüň ýuwaş agşamydy. Merýem bagda kiçijik oturgyçda oturdy. Çagalar öz düşeklerinde uklap ýatyrdylar. Isa bilen Ýusup baýramçylyk gününiň wakalary hakda gürrüň edip, adatdakylary ýaly Mukaddes Ýazgylary okamaklaryna başlapdylar. Hudaýyň Sözi göklerde tassyklanyp, Hudaýyň hakykatynyň nesillerden nesillere geçýändigini Ýusubyň ogullaryna aýdýandygyny Merýem näçe gezek eşidipdi? Isanyň doganlary düşünerleri ýaly, olar heniz gaty ýaşdylar, ýöne şonda-da kakalary muny hemişe aýdardy:
— Çagalarym, kanun hakda oýlanyň, çünki Hudaýyň tabşyryklary sizi duşmanyňyzdan akylly eder.
Merýem gözýaşlaryny süpürişdirdi. Gynansakda, Towraty öwretmeklik, kanun barada uzak wagtlap gürrüň etmeklik we pygamberlik etmeklik aýallara gadagandy. Ol sinagogada Towrat okalyşyny ýa-da Ýusubyň kanunlary okaýşyny diňläp, şolardan keýplenerdi.
Merýem köp zady bilmeýärdi, köp zada düşünmeýärdi.
— Merýem? — diýip, Merýem öz egnine Ýusubyň elini goýandygyny duýdy. Merýem gözýaşlaryny ärine görkezmejek boldy. Belki-de, Merýem gaty ýadandyr. — Mähribanym, seni näme ynjalykdan gaçyrýar?
Ýusup oturgyçda aýalynyň ýanynda oturdy. Ýerlikli sözleri gözläp, Merýemi köşeşmäge synanyşdy.
— Köp zat, Ýusup, — diýip, kellesini aşak sallady. Onsoň ýene-de ärine seretdi. — Şu gün men Ogluma gaty guwandym. Ol gaty gowy okady. Ähli aýallar-da bu barada maňa aýtdylar — hatda Ol barada gybat edenler hem geň galdylar. — Mugallym hem ýylgyrdy we … — ol Isany sinagogadan kowjak bolan mugallymdy.
Ýusup aýalynyň ýaňaklaryndan akýan gözýaşlary süpürdi. Ol aýalynyň ýüregindäkileriň baryny aýdanyna garaşyp, sabyr edýärdi. Ýusup Merýem üçin örän mähribandy. Ol öz äri bilen ýürek syrlaryny paýlaşardy. Kellesindäki ähli pikirleri ýerbe-ýer etmäge Ýusup oňa kömek eder.
— Bar zadyň Hudaýyň bellän wagtynda boljakdygyna men ynanýaryn, — diýip, Merýem ýuwaşja aýtdy. — Emma käwagtlar ol wagtyň hut şu pursatda bolmagyny men isleýärin, — diýip, Merýem ýyldyzlara seretdi. — Hudaýyň Musany çagyryp, ony Müsür şasynyň ýanyna ibereninde, Musa segsen ýaşyndady, — Merýem indiki pikirini aýtmazyndan ozal gözlerini aşak sallady-da, biraz sandyrady. — Şol wagtda onuň ejesi bireýýäm aradan çykypdy.
— Isanyň tagta çykandygyny görmerin diýip gorkýaňmy?
— Oglumyň kanun boýunça oturmaly ýerinde oturandygyny görmekligim ýamanmy näme? — Özüniň aýallaryň arasynda duran wagtyndaky Isanyň bakyşyny Merýem ýadyna saldy. Özüniň ýene-de gyzarandygyny Merýem duýdy. Näme üçin Merýem utanmalydyr? Näme üçin ol öz Ogluna guwanyp bilmez? — Mesihiň adalatlylygy dikeltmegine bütin Ysraýyl garaşýar. Dawut şa Hudaýyň gündogardan günbatara çenli adamlaryň baryny üýşürip, olara höküm etjekdigini aýdypdy. Biziň gijäniň howpundan, gündiz uçýan okdan we garaňkyda gezýän mergiden gorkmajakdygymyz aýdylmandymy näme? Biz hudaýsyzlaryň muzduny göreris.
Ýewreýler üçin täze-täze kanunlar çykaryp, olary jebir-sütemler astynda ezýän rimliler, salgytçylar, fariseýler we kanunçylar muzdlaryny alarlar.
— Merýem, — diýip, Ýusup mähir bilen ýüzlendi, — Ýazgyda Mesih hakda kän aýdylýar.
— Hudaý Dawudy şalyga bellände, heniz ol ýaş oglandy.
— Isa patyşadan-da uludyr.
— Ýusup, men Onuň ejesidirin. Men muny senden-de gowy bilýärin.
— Hawa, mähribanym. Ýöne bu barada gowuja oýlanaý. Günälerimiziň yzalaryndan azat bolmagymyza mümkinçilik bermezinden ozal Hudaý dünýäni höküm etmek üçin gelermi?
— Bizde kanun, gurbanlyklar bardyr.
— Belki-de, sen Merýem, özüňi ähli günälerden saplanan saýýansyň, emma men özümi beýle hasaplamaýaryn. Höküm gününde kim Hudaýyň öňünde durup, Onuň kämil mukaddesligine deňeşip biler?
— Biz gulak asyjydyrys.
— Her pursatdamy? Ähli pikirlerdemi? — Ýusup gaýgy bilen başyny ýaýkady. — Käwagtlar men şu barada oýlanýan: biziň ýöne günälerimizi görkezeri ýaly Hudaý kanun beren bolmagy ahmal. Her gün adamlaryň Mesih baradaky dileglerini eşidýärin. Emma olar diňe bir zada — Onuň gelip, gylyjy bilen biziň ýurdumyzy ähli rimlilerden we daşary ýurtly adamlardan arassalamagyna garaşýarlar, — diýip, Ýusup mähir bilen aýalynyň ýüzündäki saçlaryny aýyrdy. — Olar näme talap edýärler: adalaty we ar almaklygymy? Men hökümi däl-de, başda, Erem bagyndakysy ýaly Hudaý bilen adamlaryň arasynda gatnaşygyň dikelmegini küýseýärin.
— Isa munuň aladasyny eder, Ýusup. Günleriň birinde bolsa, Ýakup bilen kiçi Ýusup Onuň ýanynda öz orunlaryna eýe bolarlar.
Ýusup jogap deregine sesini çykarmady we Merýem ala-garaňkylykda äriniň ýüzüni saýgarjak boldy. Öz ýüreginde gaharyň döreýändigini Merýem duýdy. Elbetde, Ýusup hem edil şuny islärdi, ýagny, Isa tagtda oturar, doganlary bolsa Onuň gapdalynda oturarlar.
— Isanyň Mesihdigini sen menden-de gowy bilýärsiň.
— Hawa, — diýip, Ýusup ýuwaşja aýtdy, — men bilýärin. Emma Hudaýyň adamyň oýlaýşy ýaly hereket etmeýändigini seniň özüň kän gaýtalardyň!
Äriniň sözleri we onuň sesi Merýemi howsala saldy.
— Wadanyň ýerine ýetmegini seniň çalt göresiň gelmeýärmi? — näme üçin ol sesini çykaranok? Näme üçin ol oýa batdy? — Ýusup, soňky ýyllaryň içinde men sinagogada aýdylanlary gowuja diňledim. Seniň Isa Ýazgylary okaýşyňy-da diňledim. Biz nämeden gorkmalydyrys? Hudaýyň urşujydygyny Musa aýdypdy. Bar zadyň bolsa, Oňa beriljekdigini Danyýel pygamber aýdypdy. Isada ygtyýarlyk, şöhrat we şalyk bolar. Ähli halklar, ähli diller Oňa hyzmat ederler, Onuň şalygy ebedilik bolup, hiç haçan öçmez. Onuň şalygy hiç haçan-da dargamaz. Munuň hut şu pursat amala aşmagyny men diňe arzuw edip bilerin.
Ýusup aýalynyň elini gysdy.
— Ynsan Oglunyň bu zatlar üçin geljek däldigi barada hem Danyýel pygamber aýdypdy.
Merýem garaňkylykda äriniň gözlerine seretmäge synanyşdy.
— Men düşünmeýän.
— Merýem, men hem düşünýän däldirin, emma Işaýa Mesihiň jebir çekjekdigini aýdypdy.
— Ýok, — Mukaddes Ruhdan göwreli bolandan bäri Merýem özüni hemmeler tarapdan terk edilen ýaly duýýardy. Elbetde, Isa bilen beýle bolmaz. Elbetde, wagt baryny ýerbe-ýer eder. Ahyrynda hemmeler hakykaty bilerler. Merýem Ýusuba tarap öwrüldi-de, onuň elinden berk tutdy. — Hiç kim hem Isany terk etmez. Ýusup, Ol gaty ýuwaşdyr! Ol hemmeleri söýýär. Halk nädip Oňa begenmesin? Wagty gelende, adamlaryň ýüzlerçe ýyllaryň içinde garaşyp gelenleriniň Isadygyny Hudaý her kime aýan eder. Isa-da Özüni halka aýan eder.
— Merýem, Hudaý adamlary Müsürden çykaranda hem Özüni olara aýan edendigini sen ýadyňdan çykardyň? Şonda näme bolupdy? Duzly deňizden geçen ysraýyllylaryň bütin nesli çölde beýewan boldular, çünki olar Hudaýy terk etdiler.
— Indi bary başgaça bolar. Men senden-de gowy bilýärin. Men — Onuň ejesidirin!
— Hawa, Merýem, sen Onuň ejesisiň. Emma hereket etjek Onuň Atasy bolar.
Merýem Ýusupdan yza çekildi.
— Terk edilmegi üçin Hudaý Öz Ogluny ýere iberendir diýme! Munuň manysy näme?
Ybadathanada Simunyň:
Merýem ýerinden turup, çete çekildi.
— Ýok, — diýip, ol kellesini gysdy — bu pikirler zerarly Merýem gaty üşedi. Onsoň kellesini ýaýkady. — Hudaý
— Isanyň täsin ýagdaýda doglandygyny aýdanyňda, seniň aldaýandygyňa ynamly bolanlaryň bary üçin sen
Äriniň sözleri Merýemi ýaralaýardy, ýöne özüniň göwnüne äriniň degmek islemeýändigini bilýärdi. Ol bulary diňe Merýemiň oýlanmagy üçin aýtdy. Merýem eliniň aýasy bilen titreýän dodaklaryny ýumdy. Hakykatda Merýem näme isleýär? Adamlaryň hakykaty bilip, Merýemiň özüne we maşgalasyna ýetiren yzalary üçin ötünç soramaklarynymy? Isanyň jebir-sütemleri bes etdirişini görmekligi islemeklik ýamanmy näme? Nasyrada hemmeleriň Merýemiň aýdanlarynyň dogrudygyny, ýagny, Mesihiň dogulmagy üçin özüni Hudaýyň saýlandygyny, Isanyň Hudaýdan dogulandygyny we wagty gelende bolsa, Isanyň Öz şöhraty bilen şalyk etjekdigini bilmekleri ýamanmy näme? Merýem Hudaýyň gününi görmeklik isleýär! Ol Hudaýyň bellänini tagtda görmeklik isleýär! Merýemiň gözleri gözýaşlardan doldy. Erem bagyndakysy ýaly dünýäde ýene-de adalatlylygyň höküm sürmekligini Merýem isleýär.
Ýusup ýerinden turdy-da, aýalynyň ýanyna bardy. Onuň ellerinden tutup ogşady-da, gözýaşlaryny süpürişdirdi.
— Merýem, rehimdarlyk bilen hökümi birleşdirmegiň usulyny Hudaýyň Özi tapar. Onuň muny Isanyň üsti bilen nädip etjekdigini men bilmeýärin. Munuň bahasy-da biziň göz öňüne getirýänimizden ençeme esse uly bolar.
— Adamlar ölerler, — diýip, Merýem rehimi gelip aýtdy. Her gezek Hudaý Öz halkyna jeza berende, müňlerçe adam ölüpdi.
— Adam atanyň günä edeninden bäri adamlar ölýärler. Men bolsa boýun bolmanyň bahasy hakda gürrüň edýän. Biz Isanyň Mesihdigini bilýändiris. Emma bu bize mälim bolanlaryň barydyr. Haçan, nädip Onuň şa boljakdygy we kimiň Onuň gapdalynda oturjakdygy bize mälim däl. Hudaýyň niýeti — beýik syrdyr. Emma men bir zady bilýärin: biziň döwrümize çenli ýaşan ynanýan ähli erkeklerdir aýallar bu güne garaşdylar, biz bolsa Hudaýyň Oglunyň ulalýandygyny görýändiris. Ýöne edil şol adamlar ýaly biz hem Hudaýa bil baglamalydyrys. Näme bolsa-da, biz Oňa ynanmalydyrys, — diýeninde, Ýusubuň sesi titredi. — Gün dogup, ýaşýança Isanyň hut şuny edýändigini men görýärin. Ol ähli zady diňe Atasyna ýaranmaklyk üçin edýändir.
Merýem Ýusubyň gözlerinde gözýaşlary gördi.
— Sen Onuň üçin gorkýaň, şeýle dälmi? Gorkma, Hudaý Ony gorar.
Ýusup aýalynyň ýanyna baryp, ony gujaklady.
— Ylýas — ölümi görmän, bu dünýäden öten pygamberleriň ýekejesidir.
* * *
Merýem Hanna bilen ybadathananyň aýallar howlusyna tarap gidip barşyna Ýusubyň Isany, Ýakuby we kiçi Ýusuby ybadathananyň içine alyp girenini gördi. Müsürden dolanyp gelenlerinden soň adat edenleri ýaly, bu gezek hem olar Iýerusalime Pesah baýramyna gelipdiler. Şu gün Hudaýyň ölüm perişdesini goýberip, ýewreýleriň gapylaryndan sowlup, Müsüriň ähli ilkinji dogulanlaryny öldüren gijesini ýatlama baýramçylygynyň başydy. Şu gün ýahudy halkynyň gulçulykdan azat bolany mynasybetli bellenýän baýramçylyk başlapdy.
Öýlerine tarap ýola düşenlerinde, olar garyndaşy Abyýanyň öýünde saklandylar. Merýem köçeden geçip barýan rum esgerleriniň aýak seslerini eşitdi.
— Rizara Mesih Özüni aýan eder-de, bu rum doňuzlaryny biziň ýurdumyzdan kowar! Ol Süleýmandan-da beýik patyşa bolar we ähli halklar Oňa boýun egerler!
Merýem beýleki aýallar bilen ýakynlaşyp gelýän baýramçylyk üçin hamyrmaýasyz bolan gaty çörek bişirdiler. Olar her dürli ajy we hoşboý ysly otlary, ir-iýmişlerdir hozy çakyr bilen garyşdyryp, ajymtyk süýji tagam taýýarladylar.
Boýranyň üstünde ýazylan saçagyň boýunda garyndaşlaryň bary ýygnalanlarynda, Abyýa ýolbaşçylygy öz üstüne aldy. Abyýa Merýemiň garyndaşy Zekerýanyň kiçi dogany-dy. Zekerýa bilen onuň söýgüli aýaly Elizabet ýaňy-ýakynda aradan çykypdylar. Olaryň ogly Ýahýanyň nähilidigini bilmeklik Merýem üçin gyzyklydy. Merýemiň gözüne perişde görnüp, göwreli bolanyndan soň ol garyndaşy Elizabetiň ýanyna gelipdi. Merýem Zekerýanyň öýüne girip, olar bilen salamlaşypdy we Elizabet Merýemiň sesini eşideninde, onuň göwresindäki çaga şatlanypdy. Merýem öýüne gaýtjak bolanynda, Elizabet pyşyrdy bilen şeýle diýipdi:
— Wagty dolar we meniň oglum Mesihiň geljekdigini Ysraýyla yglan eder.
Elizabet bilen Zekerýanyň ýanyna ýesseleriň gelip, Ýahýany öz ýanlary bilen Duzly deňziniň boýundaky gowaklary äkidendikleri hakda Merýem eşidipdi. Şondan bäri Ýahýany hiç kim hem görmän, ol hakda hiç zat hem eşitmändiler. Eger ol ýesseler bilen Pesah baýramyna gelen hem bolsa, öz garyndaşlaryny tapmaga synanyşmandy. Merýem käwagtlar hiç zat iýmän, hor bolan adamlyryň toparyna duş gelýärdi. Olar tozana bulaşan geýimlidiler. Olar ýetim çagalar hakda alada edýärdiler we bu çagalar olaryň özlerinden has-da oňat görünýärdiler, emma Merýem ol çagalaryň arasynda Elizabete ýa-da Zekerýa meňzeş bolan oglany hiç haçan hem görmändi.
Isany Müsüre iberişi ýaly Hudaý Ýahýany hem gizlin bir ýere iberäýdimikä? Haçan bolsa-da, Ýahýa ýene-de peýda bolar. Bu amala aşanynda, Hudaýyň güni ýakynlaşar. Hudaýyň eliniň Isanyň üstünde bolşy ýaly onuň hem üstündedigine hiç hili şübhe ýokdy. Wagt geler we Elizabetiň aýdyşy ýaly Ýahýa Isanyň şalygy hakda wagyz eder.
Agşamky baýramçylyk nahary başlanypdy we Abyýanyň aýaly çyrany ýakdy. Merýem Pesah baýramyna ünsüni çekipdi. Abyýa çakyrly käsäni aldy we beýlekiler hem ondan mysal aldylar, onsoň hormatly ýaşuly däp boýunça dileg etmeklige girişdi:
— Bizi Müsürden çykaryp, tabşyryklar beren älemiň Şasy, Ysraýylyň Hudaýy mübärek bolsun…
Kesgitli wagtdan soň öýdäki iň kiçi çaga bolan Abyýanyň agtygy Leýa saçagyň başyndaky bir adamlyk ýeriň boşdugy hakynda sorady.
— Biz ol ýeri Ylýas üçin goýduk, — diýip, babasy gürrüň berdi, — çünki Hudaýyň beýik we elhenç gününiň gelmeziniň öňi bilen Onuň Ylýas pygamberi iberjekdigi pygamber tarapyndan aýdylypdy.
Çaga ýerinden turup, Ylýas pygamberi gözlemäge gitdi. Merýem saçagyň başynda öz doganoglanlarynyň ýanynda oturan Isany görende, onuň ýüregi çaltlyk bilen urdy. Mesihiň Pesahda geljekdigi hakynda mugallymlar gürrüň bererdiler. Mesihiň bolsa şu saçak başyndadygyny Merýem bilýärdi. Ol gapdalyna öwrülip, gapa seretdi, belki-de, şu gije Ýahýa peýda bolup, Isa hakda wagyz eder.
Gyzjagaz dolanyp geldi.
— Baba, Ylýas ýok.
Abyýa käsäni galdyrdy.
— Indiki ýyl Iýerusalimde!
* * *
Ýusup Leýanyň umyt bilen Ylýasy gözlemäge gidendigine Merýemiň syn edýändigine üns berdi. Çaga dolanyp gelip, Ylýasyň ýokdugyny aýdanda, Ýusup Merýemiň gözlerindäki soragy gördi. Saçak başyndaky myhmanalaryň gürrüňlerine Ýusup gulak goýdy — hemmeler ýamanlygy ýok edip, halky gulçulykdan azat etjek Şa-Mesihiň gelmekligine garaşýardylar.
Merýem Ýusuba seretdi we onuň ýüregi gysyldy, çünki her ýyl onuň ýadyna Işaýa pygamberiň sözleri gelerdi. Käwagtlar Ýusup Merýemiň hem hemmeleriň umyt edişleri ýaly Mesihiň gelip, Onuň Dawudyň hökümdarlygyna eýe bolup, Hudaýyň ähli duşmanlaryny gyrjakdygyna garaşýandygyny ýa-da ýokdugyny bilmek isleýärdi.
Mesihiň Pesahda geljekdigi hakynda mugallymlar gürrüň bererdiler. Mesihiň bir gyzdan dünýä inip, Onuň ýylanyň, ýagny, şeýtanyň kellesini mynjyratjakdygy Ýazgylarda ýazylandy. Emma bu näme aňladýarka? Bu nädip bolarka? Pesah naharynda her gezek özüniň duýýan bu agyrysy nireden? Ýusubyň jogap tapyp bilmesi, bu onuň düşünjesinden üstündi. Kimdir biri Hudaýyň niýetine düşünip bilermikä? Ýöne Ýusup bir zatdy berk bilýärdi:
Hiç kim hem muny bilmeýärdi. Hemmeler Isa seredip, onda Töwraty öwrenýän boýdaşlaryndan hiç hili tapawudy bolmadyk, öz kakasy bilen işleýän we rumlileriň ejiri astynda ulalýan on iki ýaşly oglany görýärdiler.
Bütin bu ýyllaryň içinde Ýusup perişdäniň sesini anyk ýadynda saklapdy. Ol sözleriň manylaryna düşünmegi Ýusuby sandyradýardy. Baýramçylygyň sekizinji güni gapyda Ýahýa peýda bolmanda, Ýusup aňk-taňk boldy. Gurbanlyk guzusynyň boýunda Pesah tamamlanyp barýardy. Hudaýyň Öz wadasyny ýerine ýetirjekdigine ynanýanlaryň öýleriniň gapylary şeýle guzunyň gany bilen çalnandy. Guzy… gan ýaly gyzyl şerap… petir. Ýusubyň ýüregi gysyldy.
Isa gözlerini galdyryp, Ýusuba seretdi we birsalymlap Ýusup öli Isa seredýän ýaly boldy. Olguna bolan söýgi Ýusubyň ýüregini doldurýardy. Ol gözlerini ýumdy-da, böwründäki ýiti agyry bilen göreşip, uludan demini aldy.
Agşamlyk nahary ümsümlikde geçýärdi. Abygaý pesah petiri getirip, onuň dolanan ýaglygyny aýyrdy. Onsoň ony bölüşdirip, her kime bir döwüm berdi. Petiri iýip, Ýusup özi bilen Merýemiň bireýýäm on iki ýyldan bäri bilenlerini hemmeleriň haçan biljekdikleri hakda oýlandy.
* * *
Baýramçylykdan öýlerine dolananlarynda, Merýem aýallar bilen gelýärdi. Ýeke gideniňden, garyndaşlaryň bilen syýahat etmeklik howpsuzrakdy. Ýakup bilen Ýusup beýleki oglanlar bilen öňde ylgap gidýärdiler. Merýem günortana çenli Isany görmedi, emma ol Onuň doganoglanlary bilen gidýändigine ynamlydy. Baýramçylyk hepdesinde Merýem Onuň öz doganoglanlary bilen Iýerusalimde gezmegine rugsat berip, öýlerine dolananlarynda-da, Ony öz ýanynda saklamaklyga sebäp görmeýärdi. Isa Merýemiň howsalalanmagyna hiç haçan hem sebäp bermeýärdi. Merýem özüniň Jeliledäki garyndaşlary bilen duşuşanda-da, hiç-de howsalalanmandy. Olary ýene-de görenine çenli ýene bir ýyl gerek bolar we şonuň üçin hem Merýem olar bilen gürleşmek isledi.
Günüň ahyrynda olar ýahudy ýerine ýakynlaşdylar. Merýem bolsa oglanlaryň arasyndan Isany tapmady.
— Siz Isany görmediňizmi?
— Biz Ony düýnden bäri göremizok.
Merýem üşäp gitdi.
— Düýnden bäri? Onuň günuzyn siziň ýanyňyzda ýokdugyny aýtjak bolýaňyzmy?
— Hawa. Ol bizden gidipdi we biz ony şondan soň görmedik. Ol Ýusubyň ýanynda dälmidir?
Merýem adamsynyň ýanyna ylgady, emma ol hem Isany günuzyn gören däl eken.
— Ýakup! Ýusup!
Ylgap gelen oglanlaryndan Merýem Isa hakda sorady, emma olar özleriniň uly doganynyň nirededigini bilmediler.
— Eý, Ýusup! Ol hiç haçan hem Özüni şeýle alyp barmandy! Ol niredekä?
— Ol Iýerusalimde galan bolmagy ahmal.
— Onuň bilen bir zat bolandyr! Eý, Ýusup! Näme üçin men Oňa üns bermedim?
Merýem adamsynyň maňlaýynda peýda bolan ýygyrtlary görüp, onuň özünden-de beter howsalalanýandygyna düşündi. Özleri Iýerusalimde Isany gözleýänçäler, beýleki çagalaryna seretmeklerini haýyş edip, olar Merýemiň jigisiniň ýanyna geldiler. Merýem bilen Ýusubyň Isa bilen gaýdyp gelerine çenli Ýakuby, kiçi Ýusuby we Hannany öz ýanlaryndan uzaga goýbermejekdiklerine Kleopa bilen Merýem söz berdiler.
— Şäheriň baýramçylyk şagalaňy Isany gyzyklandyran bolsa gerek, — diýip, Merýemiň jigisi aýtdy. — Belki-de, ol häzir şu ýere tarap ylgaýandyr we ertir daňa çenli biziň yzymyzdan ýeter.
Merýem her bir sese oýanyp, howsalaly gijäni geçirdi.
— Isa?
Ýusup hem oňly uklamaýardy. Daň atmanka oýanyp, ol özleriniň ýola düşýändiklerini aýtmaklyk üçin Kleopany turuzdy.
— Tapanyňdan soň Onuň temmisini bermekligi ýadyňdan çykarma, — diýip, Kleopa olaryň yzlaryndan gygyryp galdy.
Merýem bilen Ýusup gün batyp, derwezeler ýapylyp ýetişmänkä, Iýerusalime geldiler. Isany Abyýanyň öýünde tapmaklyk umydy bilen olar göni garyndaşynyň öýüne tarap ylgadylar. Oglanyň ol ýerde ýokdugyna göz ýetirip, Merýem aglamaga başlady.
— Beýle giç bolany üçin siz Ony gözlemäge gidip bilmersiňiz, — diýip, Abyýa aýtdy. — Eger siz häzir öýden çyksaňyz, onda rim esgerleriniň ellerine düşersiňiz we olar sizi soraga tutarlar.
— Meniň Olgum ýitende men nädip, öýde oturyp bilerin? — diýip, Merýem ýüzüni elleri bilen ýapdy. — Isa näme bolduka?
Ýusup aýalyny gujaklady.
— Ertir daňdan biz gözlege çykarys.
Merýem adamsyna ýapyşdy.
— Men nädip muňa ýol berip bildim?
— Mähribanym, gorkma. Hudaý biziň Oglanymyzy gorar.
Ýusubyň mamladygyny Merýem bilýärdi. Adatça Merýemiň ähli erbet duýgulary amala aşmaýardy. Emma näme üçin bu ony köşeşdirmeýärkä? Merýemiň ýadyna ýene-de Simunyň sözleri düşdi:
— Gadyrdanym, sen dynjyňy almalysyň, — diýip, Ýusup mähir bilen, ýöne berk aýtdy.
Merýemiň akly boýun bolmaklyga goýmaýardy, emma jedelleşer ýaly onuň güýji galmandy. Ol şeýle bir ýadapdy welin, hatda aýak üstünde zordan durýardy. Gözleg hakynda gürrüň etmekligiň geregi-de ýokdy. Merýem möňňürip aglamaga başlady.
* * *
Abyýa Merýem bilen Ýusuba Isany bazardan gözlemeklerini maslahat berdi, çünki uly şähere gelen oglanlaryň bary hut şol ýere ylgaýardylar. Başga ýurtly satyjylaryň öz harytlaryny magtap, söwdagärleriň bolsa, arzan bahadan aljak bolup söwdalaşýan seslerinden doly bolan bazaryň gaýda-gaýmalaşygy oglanlaryň ünslerini özüne çekýärdi. Merýem bilen Ýusup bazaryň her bir köçelerine syn edip, ol ýerde bütin gününi geçirdiler.
Isa ol ýerde ýokdy.
Merýem bilen Ýusup sinagoga bardylar, ýöne olar özleri bilen Pesah baýramyny bellän dostlarynyň arasynda-da, rim esgerleriniň türgenleşik geçirişlerine syn edýän oglanlaryň arasynda-da, ybadathananyň howlusyndaky pul çalyşýanlaryň arasynda-da we haýwanlar üçin ýasalan agylyň ýanynda-da Isany tapmadylar. Belki-de, Ol Ýahýa duşandyr öýdüp, Merýem bilen Ýusup ýesseleriň ýanyna ugradylar.
Bu ýerleriň birinde-de Isa ýokdy.
Özlerine Hudaýyň beren Ogluny gözläp tapmaklary üçin Ýusup bilen bir ýerden beýleki ýere ylganlarynda, Merýem bütin gün dileg etmekligini bes etdirmedi. Isa bilen bolup biljek zatlary göz öňüne getireninde, Merýemi gorky gaplady. Ol gaty ýaşdy. Gaty mekirsizdi.
— Hawa, mähribanym, — diýip, Ýusup ylalaşdy, — emma Ol samsyk däl.
Muňa garamazdan, Merýem iýibem, içibem bilmedi.
— Isanyň haçan bizden aýrylandygyny-da men bilmeýärin. Men gaty utanýan. Ol biziň garyndaşlarymyzyň ýanyndadyr öýdüpdim. Ol hemmeler bilen bile gidýändir diýip oýladym. Goşlarymyzy ýygnan günüm — bazar güni men Ony soňky gezek görüpdim. Elbetde, Ol maňa bir zatlar diýipdi. Men ýöne gulak asmadym. Näme üçin men Oňa gulak asmadym?
— Şol gün hysyrdy kändi, hemmeler ýola taýýarlanýardylar, — diýip, Ýusup aýalyny gujaklady. — Merýem, Merýem. Hudaý Onuň bilendir.
— Ony Hudaý menden alar diýip, gaty gorkýan.
Ol adamsyna ýapyşdy-da, gözlerini ýumdy. Belki-de, indi Merýemiň beýleki çagalary we göwresindäki bäbek hakda aladasy köpelende, Isa güýje girýänçä, Ony Merýemiň durmuşyndan aýyrmagy Hudaý makul bilendir? Isanyň nirede bolýandygyna seretmezden, Hudaýyň hemişe-de Onuň bilendigini we Onuň durmuşynyň Hudaýyň elindedigine Merýem akly bilen düşünýärdi. Ýöne şeýle bolsa-da, Merýem gaty tolgunyp, Hudaýa kän dileg ederdi.
Ertesi gün Abyýa öz dosty bilen sinagogada gürleşendigini Merýem bilen Ýusuba aýtdy.
— Isany ybadathanada görendigini Elýakym aýtdy.
Merýemiň ýüregi çalt urup başlady. Umytdan ganat çykaryp, ol kellesine ýapynjasyny atdy-da, köçä ylgap çykdy. Ýusup hem onuň yzyna eýerdi. Tä güýçli ýadaýança, Merýem saklanman ylgap gitdi, oňsoň biraz ýöräp, ýene-de ylgamagyny dowam etdirdi. Ybadathananyň uzyn basgançagy bilen Merýem ýokary galdy. Ol ybadathananyň içinde sütünleriň arasyndan seredip, gözläp barýardy.
Ine-de, ol Isanyň mugallymlaryň arasynda oturandygyny gördi.
Merýem gözüni Isadan aýyrman durdy, ýüregi bolsa döşünden atylyp çykjak bolýardy. Ol ümsüm durup, Isany gorany üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Onsoň özi bilen Ýusubyň gelendigine-de Isanyň üns bermän, bu adamlar bilen gürrüňe güýçli gyzygandygyna Merýem haýran galdy.
Merýem ümsüm durup, Ogluna syn edende, onuň gözleri ajy gözýaşlardan doldy.
Bütin bu wagtyň içinde Ol şu ýerde boldumyka? Ol garyndaşlary bilen habarlaşmaklyk ýa-da Özüni söýýän maşgalasyna ýetmeklik barada hiç hili çäre-de görmedimikä?
Merýem gazap donuny geýdi. Nädip Isa onuň özi we Ýusup bilen şeýle gatnaşyk edip bildi? Ol elini adamsynyň elinden çekip alyp, öňe ädimledi. Yzyna öwrülip, Isa hem Merýemi gördi. Ol ýylgyryp, ýerinden turdy. Merýem şeýle bir gaharlydy welin, hatda Isany oňatja käýemek isledi. Özüni nädip gorkuzandygyny Isa bilmeýärmi näme? Merýemiň duýgulary Onuň üçin hiçmi näme?
— Oglum! — diýip, Merýem titreýän sesi bilen aýtdy. — Sen biziň bilen näme etdiň? Kakaň bilen men Seni uly gaýgy bilen gözledik.
Merýem başyny ýaýkady. Ol Oglunyň gözlerinde çakylygy görmedi, ýöne Onuň näme barada oýlanýandygyna düşünip bilmedi. Onuň öýi Iýerusalimde däl-de, Nasyradadyr.
— Ýör, — diýip, Ýusup elini Isanyň egnine goýup aýtdy. — Kleopa bilen Merýem seniň doganlaryň we jigiň bilen oturandyrlar. Olar hem Sen hakda gaýgylanýarlar.
Merýem Isanyň elinden tutdy we olar çykalga tarap gitdiler.
Bäşinji bap
Indiki tomusda Merýem gyz dogurdy-da, onuň adyna Sara dakdy. Elbetde, Hanna jigisine görüpçilik edip başlapdy. Saranyň oýunjaklaryny ogurlap, özüne üns berdirjek bolýardy. Oglanlar hem özlerine üns berdirjek bolup, biderek zatlaryň üstünde uruşýardylar.
On sekiz aýdan soň Simun we Ýahuda atly ekiz doganlar doguldy. Şu wagta çenli Merýem gaýgyly täzeligi aňdy: diňe Isa oňat Ogul bolupdy. Onuň doganlary azajyk wagtlap hem gulak asyjy bolup bilmeýärdiler.
Ýakup özüni alyp barşy bilen Merýemiň gaharyny getirýärdi. Ýusup, Hanna, Sara, Simun we Ýahuda adamyň tebigatynyň günälidigi hakyndaky öňden mälim bolan hakykaty tassyklaýardylar. Merýem bolsa, hiç-de öz çagalaryna täsir edip, olary günäden saklap bilmeýärdi! Olar jedelleşýärdiler we uruşýardylar. Nädogry hereketleri üçin käýänlerinde bolsa, olar özlerini aklamaga başlaýardylar. Öz islänlerine ýetjek bolup, olar kän gygyryp aglaýardylar. Olara temmi berenlerinde bolsa, olar ejeleriniň birini beýlekisinden kän söýýändigini aýdardylar. Ne oňat sözler bilen, ne-de temmi bilen olarda rehimdarlygy oýaryp bolmaýardy. Merýemiň ähli çagalary-da akylly we hereketjeňdiler. Ýöne Isanyň Hudaýa ýaranmaklyk isläninde, onuň jigileri özlerine ýaranmaklyk isleýärdiler. Hatda olar ünsli we rehimdar bolanlarynda-da, olaryň tekepbirligi özleri hakda gürrüň berýärdiler. «Näme üçin siz Isa meňzäp bilmeýärsiňiz» diýip, Merýem ençeme gezek öz çagalaryna gygyrmak isleýärdi. Emma çagalarynyň her birinde Merýem özüni görýän bolsa, onda olaryň kämil däldiklerinde ýöňkäri ýaly Merýem kimdir?
Ýöne nähili bolandyklaryna seretmezden, olaryň her biri Merýem üçin gadyrdandylar. Olar Ýusup bilen özüniň çagalarydy. Merýem beýleki enelere syn edeninde, özüniň ýagdaýynyň olaryňkydan hiç bir üýtgeşikliginiň ýokdugyny görerdi. Durmuş hemişelik göreşdi. Her bir çaga diňe bir şatlyk däl-de, hatda täze aladalary-da getirýärdi: ony idäp, geýindirmelidi, bilim berip, dogry ýoly salgy bermelidi. Özüniň Ýusupdan doglan çagalarynyň ýekejesine-de dogruçyl diýip bolmazdy! Merýem olara ýagşyny-ýamany saýgarmaklygy öwredýärdi.
Ýyllar geçýärdi, Merýem ýeke Isanyň kämil Oguldygyna aň ýetirip, Ony synlaýardy. Aýallaryň arasynda Merýem özüni iň ýalkanany hasaplaýardy. Merýem Oňa seredende, ýüregi şatlykdan dolýardy. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyň hut özüni saýlandygyna Merýem haýran galmagyny dowam etdirýärdi. Merýemiň beýleki aýallardan hiç-de tapawudy ýokdy we özüniň çagalary kimin kämil däldi. Beýleki sapaklar bilen muny hem Hudaýyň Merýeme öwretjekdigi şübhe astynda däldir. Merýem öz içinden gülüp, Isadan başga-da çagalarynyň bardygyna şükür edip Hudaýa minnetdarlyk bildirýärdi. Isanyň kämildigi we bu dünýäde ýaşaýan adamlardan ýokarydygy özi bilen Ýusubyň mynasypdyklary üçin däldigini Merýem bilýärdi.
Muňa seretmezden, Hudaýyň niýetleriniň amala aşmagyny çaltlyk bilen görmeklige bolan sabyrsyzlygy bilen Merýem wagtal-wagtal göreşmeli bolardy.
Ahyrynda Merýemiň sabyrsyzlygy şeýle bir güýjedi welin, hatda ol özüni mundan artyk saklap bilmän, bir gün Isadan sorady:
— Sen Özüň Kimdigiňi bilýäňmi?
Ol jogap deregine sesini çykarmady, emma Merýem özüniňkide berk durdy.
— Oglum, — diýip, ýene-de gaýtalady, — Sen bilýäňmi?
Näme üçin Ol bu soragdan howsala düşdi? Näme üçin Ol Merýeme mähir we howsala bilen seredýärkä? Merýem Ony gaýgylandyrjak däldir. Ol diňe soraýandyr… Käwagtlar Isa Merýeme edil şu pursatdakysy ýaly seredýärdi we Merýem özüniň Ony gaýgylandyrýandygyny duýýardy. Emma näme üçin? Merýemden başga kim Ony güýçli söýýändir? Merýemden başga kim Oňa şeýle wepalydyr? Merýem Oglunyň ýanyna gelip, Onuň ellerinden tutdy. Näme üçin Mesihiň elleri edil ýönekeý hyzmatkäriň elleri ýaly bolmalydyr?
— Eý Isa, patyşanyň şeýle gabarçaklary bolmalymyka?..
Isa mähir bilen Merýemiň egnini sypalady.
— Men — Atamyň Ogludyryn.
Onuň gözlerine bakyp, Merýem oýa batdy. Ol kimi göz öňünde tutýarka: Hudaýymy ýa-da Ýusuby? Onuň bu dünýä nädip gelendigi hakda Oňa ýene-de gürrüň bermelimikä? Onuň Özüni aýan etmekligine Merýemuň özi bilen bütin dünýäniň garaşýandygyny Oňa aýtmalymyka?
— Isa, Sen meniň hem Oglumsyň. Men ýöne Seniň mynasyp bolan hormatyňyň Saňa goýulmagyny görmek isleýändirin.
Merýem Onuň güýjüniň peýda bolşuna üns berip başlapdy. Hatda işi üçin adamlaryň pul tölemedik wagtlarynda-da, ýa-da özleriniň önümlerini rim esgerleriniň äkidenlerinde-de, olaryň gündelik iýmäge we içmäge zatlary bardy, gijäniň garaňkysynda çyranyň ýanmagy üçin ýag tapmaga mümkinçilikleri bardy.
Muňa garamazdan, Isanyň akyldarlykda we güýçde ösdügi saýyn durmuş ýeňilleşmeýärdi. Onuň göreşi öňküsinden-de agyrlaşýan ýaly bolýardy. Ýeňişler Oňa aňsatlyk bilen berilmeýärdi, emma Ol bu hakda hiç haçan hem ne Merýeme, ne-de Ýusuba gürrüň bererdi. Ol Özüniň kanun boýunça ýerini eýeläninde, adamlaryň durmuşlary ýeňilleşermikä?
— Samuwel pygamber Dawudy patyşalyga belläninde, Dawut heniz ýaş oglandy, — diýip, Merýem aýtdy.
— Ol ulalyp, hakyky patyşa bolýança, on ýyldan-da kän wagt gerek boldy.
— Sen kämilsiň. Sen bireýýäm taýynsyň.
Isanyň maňlaýynda der damjalary peýda boldy.
— Ejejan, meniň sagadym heniz gelen däldir.
— Onda haçan geler, Isa? Seniň sagadyň haçan geler?
— Meniň sagadym gelenok, — diýip, Ol ýene-de gaýtalady.
Näme üçin Ol beýle gaýgyly görünýärkä? Merýemiň gahary artýardy. Merýemiň Isany gürlemeklige mejbur edesi geldi. Elbetde, Merýemiň muny bilmeklige haky bardy.
— Näme üçin dogulandygyňy eýändigiňi görmekligim üçin men ýene näçe garaşmalydyryn?
— Sen meni gynaýaň.
— Hawa, emma men Seni Seniň ýagşylygyň üçin gynaýandyryn. Oglunyň halkyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmeklige onuň ejesi goldaw bermeli däldirmi näme? Men Seni söýýärin, Oglum. Sen muny bilýänsiň. Seniň üçin Ýusup bilen men kän zatdan geçmeli bolduk. Emma men özümden Seniň Kimdigiňi bilýärmikäň diýip soraýaryn.
— Ejejan…
— Meniň görjeklerim bary — bu adalatyň dikelmegidir. Bu dogry dälmi näme?
— Sen garaşmalysyň.
— Men garaşmaklykda ýadadym! Töweregiňe göz aýla, Isa. Öz halkyň ejir çekýändigine seret! — diýende, Merýemiň sesi titredi. Merýem özüni dolduran lapykeçlik bilen göreşmäge synanyşyp, yzyna öwrüldi. — Haçan, Isa? Haçandygyny maňa aýt we men Senden bu hakda gaýdyp soramaryn. Men seni gynamaryn… — diýip, Merýem ýene-de gaýtadan yzyna öwrülip, gözýaşlaryň perdesi arkaly Ogluna seretdi. —
Isanyň gara gözleri öl boldy. Ýüzünde der damjalary peýda boldy.
— Meniň sagadym gelmedi, — diýip, Ol ýene-de gaýtalady.
Onuň sesinde bir zat Merýemi sandyramaga mejbur etdi. Onuň jogap bermejek soraglary gaýtalap bermekligi bilen Merýem Ony öňküsinden-de beter gynaýandygyna düşündi. Howsala düşen we gaýgylanan Merýem ýekeje-de söz aýtmady.
Munuň deregine ol Ýusubyň ýanyna baryp, onuň Isa bilen gürleşmegini haýyş etdi. Ýusup hemişe-de Onuň bilen gürleşip bilýärdi. Elbetde, Isa oňa ynanar.
— Bu barada sen Ondan soramaly däldiň.
— Näme üçin? Men — Onuň ejesidirin.
— Sagady gelende, Hudaý Oňa aýdar.
— Isanyň hökümdarlyk alan pursady, Onuň adalatlygy dikeltjekdigini bilibem, sen nädip beýle sabyrly bolup bilýäň? Töweregiňe göz aýla, Ýusup. Biz oňa şu wagt mätäçdiris.
— Näme üçin Onuň şu wagt Özüni aýan etmeýändigini soramaga meniň hakym ýokdur.
Ýusubyň sesinde bir zat Merýemi howsalalandyrdy we ol adamsynyň gözlerine göni seretdi.
— Seniň pikiriňçe, meniň hem muňa hakym ýokmy näme?
Birwagtlar Erem bagynda How ene aldanypdy. Indi Merýem hem synaga salynýan dälmikä?
— Hawa, men şeýle pikir edýän, — diýip, Ýusup ýuwaş, emma berk aýtdy. — Isany sen dogan bolsaň-da, Oňa durmuş beren Hudaýdyr we ol durmuş bilen Onuň näme etmelidigini Hudaýyň Özi çözýändir. Baryny Hudaýa tabşyraý, Merýem, — diýip, Ýusup aýalyny ýanyna çekdi. — Sagady gelende, Hudaýyň Özi Isa aýdar. Howlukma.
Merýem kellesini adamsynyň döşüne degirdi-de, onuň ýüregini urşuna gulak goýdy. Ol uludan demini alyp, durmuşynda bolup geçen wakalar hakda uzak wagtlap oýlanyp durdy. Hudaý onuň bilen bir gezek gürleşipdi, Ýusup bilen bolsa, dört gezek gürleşip, onuň ýollaryna ýolbaşçylyk edipdi. Onuň adamsy Hudaýyň erkini amala aşyrmaga synanyşyp ýaşaýardy. Merýem özüni, Isany we beýleki çagalaryny Ýusubyň güýçli söýýändigini günde görerdi.
Hudaý Ýusuby Merýemiň adamsy we maşgalasynyň başy bolmak üçin saýlapdy we Merýem onuň maslahatlaryna gulak asmalydyr.
* * *
Ýusup Isa, Onuň ten boýunça bolan jigilerine syn etmegi halaýardy. Olaryň oýunlary we degişmeleri Isany güldürýärdi we Onuň gülki sesleri Ýusubyň göwnüni şat edýärdi.
— Çagalar, köşeşiň. Doganyňyzyň oturmagyna mümkinçilik beriň.
— Bize Dawut we Goluýat hakda gürrüň ber! — diýip, Ýakup Isadan sorady.
— Ýok! Bize Ýeşuga we Ýeriho hakda gürrüň ber.
Söweşler hakdaky gürrüňleri diňlemeklikden oglanlar ýadamaýardylar.
— Isa, bize ýene-de Nuh we onuň gämisi hakda gürrüň beräý, — diýip, Hanna Ony gujaklap sorady. — Haýyş edýän…
— Sen muny bireýýäm ençeme gezek eşitdiň, — diýip, Ýakup garşy çykdy. — Ony diňlemekden men ýadadym!
Isa ekiz doganlaryny dyzynda oturtdy.
— Biz ilki başyndan başlarys…
Isany günde görüp, Ýusup käwagtlar bu ýigidiň özüniň hususy ogly däl-de, Hudaýyň Ogludygyny ýadyndan çykarardy. Bu barada ýatlanda, Ýusup güýjüniň artandygyny duýdy. Isa Ýazgylary çagalara okap bermeýärdi. Ol bu gürrüňleri şeýle gürrüň berýärdi welin, edil Özi ýazan ýalydy. Käwagtlar Isa Özünden bir zatlar goşardy we Onuň gürrüňleri edil Töwratdaky wakalaryň şaýatkäriniň şu wagt gürrüň berşine meňzeýärdi.
Ýusup aýalyna seretdi we ol haly dokaýan guralyň başynda oturyp, Isanyň dünýäniň ýaradylyşy hakdaky gürrüňlerini hezil edip diňleýärdi. Isa ýeriň ýaradylyşy, onuň başda boş we şekilsiz bolandygy hakyndaky gürrüňine başlady. Isanyň töwereginde Ýusubyň teninden bolan çagalary oturdylar. Isa Mukaddes Ruhdan doglupdy, emma Ýusup munuň näme aňladýandygyna düşünip bilmeýärdi. Oglanyň on bäşi dolupdy we Onuň çekgeleri ejesiniňki, gözleri bolsa Ýusubyňkydy.
Adamlaryň Mesihiň gelmegine mätäçdikleri hakda Ýusup näçe gezek eşidipdi! Ysraýyldan Hudaýyň nämä garaşýandygy hakyndaky olaryň dawalaryny Ýusup näçe gezek eşidipdi!
— Hudaý biziň öz egnimizden rim agalygyny taşlamagymyzy isleýär!
— Hudaýyň höküminiň şeýle bolandygy üçin biz ejir çekýändiris.
— Biz bireýýäm kän ejir çekýän däldirismi näme? Eger biz pitne turzup, rimlilere garşy çyksak, Hudaý bizi goldarmy näme?
— Diýmek, biz hereketsiz bolmaklygymyzy dowam etdirip, soňky çöregimizi rimlileriň ellerimizden almaklaryna rugsat bererismi?
— Biz garaşýarys.
— Ýene näçe garaşmaly bolarys? Näçe?
Gözlerini ýumup, Ýusup kürsä arka berdi. Şu gün agyr gün boldy: ol Sepgorise baryp gelipdi we indi özüni gaty ýadaw duýýardy. Özüniň gazanan pullarynyň maşgala mätäçlikleri üçin zordan ýeterlik boljakdygyna seretmezden, Ýusup olar üçin Hudaýa minnetdardy. Ol özüne Hudaýyň iberen işi üçin minnetdardy we özüniň ýüküni götermäge paýlaşýan Isanyň bardygy üçin bolsa, ol Hudaýa uly minnetdarlyk bildirýärdi.
Ýene-de eli agyrdy. Barmaklary doňup, agyry bütin endamyna ýaýrady. Ýusup ellerini owkalap, seresaplylyk bilen ýerinden turdy. Ertir sabat güni we ol dynç alar. Ýusup Isanyň töweregindäki çagalara seretdi we ony ýene-de bu pikir geň galdyrdy. Özüniň hemmelerden-de güýçli söýýän Oglany Ýusubyň öz ogly däldi.
Ýusup hut şu soraglary özüne berende, Işaýa pygamberiň şu sözleri onuň ýadyna düşdi.
Ýok.
Ýusup ellerini döşüne degirdi.
— Ýusup, saňa näme bolýar? — diýlen Merýemiň sesini Ýusup duýdansyz eşitdi. —
Ýusup özüni aýalynyň gujaklandygyny duýdy, emma şonda-da gözüni Isadan aýyrmaýardy.
* * *
Isa kakasyny eline aldy. Şol pursat geň galyp, gorkan beýleki çagalaryň hemmesi bilelikde gürleýärdiler.
— Sesiňizi çekiň, — diýip, Merýem gygyrdy. — Gorkmaň. Doganyňyz kakaňyza kömek etmekçi bolýar.
Isa Ýusuby düşekde ýatyrdy. Ýusup Isanyň howsalalanýandygyny, Onuň ýüreginde göreşiň gidýändigini görýärdi. Isanyň durmuşynda Özüniň adamzat tebigaty bilen göreşip, synaglara duçar bolmadyk wagtlary bolýardymyka? Ýigidiň maňlaýynda der damjalarynyň peýda bolandygyny Ýusup gördi.
— Wah, — diýip, Ýusup iňledi.
Diňe ahyrynda öldürilmegi üçin Isa göreşip, ýamanlygy ýeňermikä? Beýle bolşy mümkinmikä?
Döwünde agyry güýçlenýärdi we Ýusup özüniň ölüm sagadynyň ýakynlaşandygyna düşündi.
— Çagalarym, ýakynyma geliň. Geliň! — diýip, Ýusup zordan aýtdy. Çagalary gelip, dyzlaryny onuň düşeginde epenlerinde, Ýusup çagalarynyň her birini ogşap, olara pata berdi. — Doganyňyz Isa gulak asyň. Ejeňizi hormatlaň. Hudaýa bil baglaň…
— Sen sagalarsyň, Ýusup, — diýip, Merýem onuň patasyny alyp aýtdy, gözleri bolsa gözýaşlardan doludy. — Seniň sagaljakdygyňy men bilýärin. Diňe Isa…
— Bes et, — diýip, Ýusup aýalynyň agzyny eli bilen tutdy. Ýöne özleriniň isleýändikleri sebäpli täsinlik bolar diýip, olar güman edýärmikäler? Hudaýyň Ogly, beýik Biribar bolan Isa özleriniň buýruklaryny ýerine ýetirer diýip, olar umyt edýärmikäler? — Baryny Hudaý çözýändir, — diýip, Ýusup pyşyrdady. — Biz Isa üçin ýük bolmaly däldiris.
Ejesi Ogluna seredinde, Merýemiň ýüzi agarypdy. Aýalynyň gözlerinde Ýusup dilegi gördi.
— Merýem, men Isa bilen gürleşmelidirin.
— Hawa, Ýusup, — diýip, Merýem çaltlyk bilen ýerinden galdy.
Her bir dem alşy oňa agyry ýetirýärdi. Elleriniň barmaklary doňupdy, köýnegi dere batypdy. Merýem çagalary bilen otagdan çykdy. Özüniň uly Ogluna seredende, Merýemiň gözleri gözýaşlardan doldy.
— Seniň oňa kömek edip biljekdigiňi men bilýärin. Kömek et. Haýyş edýän. Kömek et, — diýip, Merýem otagdan çykdy.
Otag boşanda, Isa Ýusubyň ýanynda oturdy. Ýusup ýylgyrdy. Döşündäki agyryny ýeňip, ol Isanyň elini aldy-da, döşüne degirdi.
— Biz Seniň ýüküňi ýeňilleşdirýän däldiris.
— Siz muny etmeli hem dälsiňiz.
Ýusubyň damagy doldy.
— Isa, olaryň ýüreklerini ýumşat. Çagalar… Senden haýyş edýän. Olaryň baryna düşünip, halas bolmaklary üçin olaryň ýüreklerini ýumşat.
— Her kimiň özi saýlamalydyr.
— Hatda ynamy-da biz Hudaýdan alýandyrys.
— Emma olar Seniň Mesihdigiňe ynanmaklygy saýlarmykalar? Saýlarmykalar?..
— Sen Maňa ynanýaňmy?
Ýusup Isanyň gözlerine seretdi.
— Hawa, — diýip, Ýusup gyrylan sesi bilen aýtdy. — Sen çagalar bilen gürleşeniňde, men Işaýa pygamberiň sözlerini ýatladym, — diýende, Ýusubyň gözlerini gözýaşlar örtdi. — Guzy kimin diýlip, Ýazgylarda ýazylan, guzy kimin Ol ölüme äkidildi.
Ýusup üns bilen Isanyň gözlerine seretdi we olarda çäksiz söýgini we rehimdarlygy gördi. Ol bary-ýogy on bäş ýaşyndady, emma Ýusup Onda Daniýel pygamberiň aýdan Hudaýyň Ogluny gördi. Isanyň doglan gününden başlap, Ýusup Ondaky güýji duýýardy we Onuň töwereginde gidýän tükenmez söweşi duýýardy. Ömründe ýekeje gezek hem Isa güýçden gaçmandy we synaglara boýun bolmandy. Hiç haçan-da, hatda boýdaşlarynyň zilotdyr Dawut patyşa hakda oýnaýan oýunlarynda-da, Ýusup Isanyň elinde gylyç görmändi. Dünýä inen her bir adamyň janyny haramlaýan ten höweslerine Isa ýekeje gezek hem ýol bermändi. Hudaýdan başga kim tükenmez synaglara garşy durup bilerdi?
Ýusup gözlerini ýumup, birsalym aglady.
— Sen biziň günälerimizi we jezalarymyz Öz üstüňe alyp, gurban bolarsyň. Ine, näme üçin Sen bize iberildiň, şeýle dälmi? — diýende, Onuň doglan gününden başlap terbiýelän Oglanyna gözi düşende, Oňa bolan söýgi Ýusuby doldurdy. Emma Ýusup Ony öz ogly hasaplamaýardy. Isa bilen bolmaly zatlar sebäpli Ýusuby gorky basdy. — Adamlar Seni terk ederler.
Isa hiç zat diýmedi. Ol diňe elini Ýusubyň maňlaýyna goýdy, Onuň beýleki elini bolsa, ölüp barýan Ýusup öz ýüregine goýdy.
— Isa, men Seni söýýärin, meniň çagalarymy halas et. Öz ejeňi-de. Ol düşünýän däldir.
Merýem nädip şu wagta çenli sabyrsyz bolup, özüniň soraglary bilen hemişe Isa kyn azar berip bilerdi?
— Arkaýyn bolaý, — diýip, Isa aýtdy. — Men onuň bilendirin.
— Men gaty gowşadym.
Indi hem Ýusup Hudaýa şübhe edermikä?
— Arkaýyn bol, — diýip, Isa mähir bilen aýtdy. Ýusup ýene-de gözlerini ýumdy we edil Isanyň ýuwaş eşideni ýaly boldy: «Sen oňat we wepaly hyzmatkär bolduň».
Çagalar ýene-de otaga girip, kakalaryny gurşanlarynda, agyry ýene-de güýçlendi. Merýem düşegiň başynda dyzyna çöküp, adamsynyň elini berk gysdy. Ýusup oňa bakyp ýylgyrdy, emma gürläre güýji ýokdy. Onuň oňat aýal we oňat ene bolandygyny Ýusup aýtjak boldy, emma ol öň hem Merýeme şeýle diýerdi. Merýem özüni Ýusubyň söýýändigini bilýärdi. Merýem Isa seredeninde, Ýusup aýalynyň gözlerinde aljyraňňylygy, gorkuny we dilegi gördi.
Ýusup gürlemäge synanyşdy. Merýem gulaklaryny onuň dodaklaryna tutup, aşak egildi.
— Ynan. Boýun bol.
Merýem kellesini adamsynyň döşüne goýup aglady; Ýusup Isa seretdi. Olaryň mätäç bolan ýeke-täk Biri gözýaşlary bilen gapynyň agzynda ümsüm durdy. Ol Öz Kakasynyň erkini ýerine ýetirip, Ýusuby ölümden halas etmeklik üçin hiç zat hem etmeýärdi. Geň galaýmaly, emma Ýusup indi hiç zatdan hem gorkmaýardy. Ol uludan demini aldy.
Ol gözlerini ýumup, öz Hojaýnynyň Şalygyna girdi.
* * *
— Ýusup, — diýip, adamsy demini almagyny bes etdirende, Merýem gaty ses bilen gygyrdy. —
Bu nädip beýle bolup bildi? Merýem Isa seretdi. Isa aglady.
— Näme üçin? — diýip, Merýem möňňürip aglady. —
Ýusuby Isanyň sagaldyp biljekdigini Merýem bilýärdi! Isanyň şeýle ygtyýarlyga eýedigini Merýem bilýärdi. Özüniň diňe el degirmekligi bilen Ol Hannany sagaltmandymy? Isa olaryň çöreklerini köpeldip, küýzelerini ýagdan doldurmandymy? Näme üçin Ol Ýusubyň ölmekligine ýol berdi? Ýusup Merýemi güýçli söýýärdi ahyryn!
Ýok. Merýem muňa ynanmaýardy. Ol Isanyň gözlerindäki gaýga ynanýardy. Onuň Ýusuby güýçli söýendigini Merýem bilýärdi. Olaryň ussahanada bile işlänlerinde, hezil edip gülýändiklerini Merýem näçe gezek görüpdi? Ýazgylary okanlarynda olaryň bilelikde aşak egilen kellelerini hem görüpdi.
Ýok! Bu elhenç pikirleriň öz aklyna ornaşmagyna Merýem ýol bermez! Şübheleriň öz ýüreginde ornaşyp, olaryň ol ýerde öz zäherlerini dökmeklerine Merýem ýol bermez.
— Isa, — diýip, Merýem iňledi. — Isa!
Ol şol pursat ejesiniň ýanyna gelip, elini onuň egnine goýdy.
— Ejejan, men bärdedirin.
Merýem aglap, Ýusubyň jesedini düşekde ýatyrdy we mähir bilen onuň ýüzüni elledi. Indi onuň güýji, akyly, goldawy we söýgüsi bolmanda, Merýem nädip ýaşar? Hudaý hut Ýusup bilen gürleşip, olary ilki Müsüre, onsoň ýene Ysraýyla we şu ýere — Nasyra getirmändimi? Her gezek Hudaýyň perişdesi Ýusuba görnende, ol hiç bir şübhesiz oňa boýun bolardy.
Gorka düşen, gaýgylanan we aljyraýan çagalar aglaşýardylar. Merýem olaryň duýgularyna düşünýärdi, çünki onuň özi hem betbagtçylykdan ker bolupdy. Merýem indi özüniň näme etmelidigine düşünjek boldy. Ýerinden turup, ol özüniň egnindäki Isanyň ellerini gysdy. Ilkinji ogul bolandygy sebäpli, indi Isa maşgalanyň başy bolupdy.
* * *
— Ony jaýlamaklyk üçin atyr satyn alar ýaly mende pul ýok, — diýip, Merýem doganyna aýtdy. Ol nädip Ýusubyň jesedini jaýlamaga taýýarlar?
— Ejejan, emma bizde atyr bar, — diýip, Isa garşy çykdy.
Ol ýerinden turdy-da, Ýusubyň münetjimleriniň getiren sowgatlaryny salyp goýan gutusynyň ýanyna bardy.
Isa gutuny açdy-da, atyr salnan çüýşäni aldy.
— Bu näme? — diýip, Merýemiň dogany sorady.
— Biz muny ulanyp bilmeris, — diýip, Merýem garşy çykdy.
— Al, — diýip, Isa çüýşäni Merýeme uzatdy.
— Emma bu Saňa berlen sowgatdyr, Oglum.
— Sowgat? — diýip, Merýemiň dogany kä Isa, käte Merýeme seretdi. — Bu çüýşe? Beýle sowgady kim berdi?
— Bu Meniň sowgadym, — diýip, Isa sözüni dowam etdirdi, — we Men muny islänime berip bilerin.
Ol çüýşäni Merýemiň eline tutduryp, ony dogany we Ýusubyň jesedi bilen otagda galdyryp, daşa çykdy.
Agy bilen Merýem çüýşäni aldy. Ogluna boýun bolup, Merýem möhüri aýryp, çüýşäni açdy we otag hoşboý yslardan doldy.
* * *
Söýgüli adamsynyň aradan çykanyndan soň birnäçe aýlaryň içinde Merýem gaty tolgundyryjy we aljyraňňy ýagdaýda boldy. Wagtal-wagtal ol görünmeýän duşmanlaryň her hili ýöňkeýji pyşyrdylary bilen göreşýärdi. Onuň edip biljek ýeke-täk alajy — bu kellesini ýapynjasy bilen örtüp, dileg etmeklikdi.
* * *
Maşgalany eklemek üçin Isa kän işläp, ahlaksyz adamlar bilen iş salyşmaly bolýardy. Beýle adamlar öz karzlaryny bermäge howlugyp, hiç bir esas ýok ýerinde, hemişe durmuşdan nägile bolýardylar. Ýöne Isanyň özünde çykýandygyny Merýem ýekeje gezek hem görmändi.
Wagt geçýärdi. Isa Özüniň uýalary üçin Hudaýdan gorkýan ýaş ýigitleri tapyp, olara toý gurup beripdi. Ol kakasyndan alan tärlerini jigilerine öwredip, olar bilen kakasynyň ussahanasynda işleýärdi. Iş bilen birlikde, Isa olara Hudaýyň ýollaryny hem öwretmeklige synanyşýardy. Ýakup we Ýusup bilen gürleşmek gaty kyn bolýardy. Ýakup özüni erbet alyp barýardy, Ýusup bolsa, ondan görelde alýardy. Ýöne Isa olary söýmekligini bes etdirmän, sabyrly, ýol bir wagtyň özünde berk galýardy.
— Eger rimliler biziň halkymyzy gyrýan bolsa, onda Töwraty öwrenmekligiň näme ähmiýeti bar? Men gylyç bilen iş salyşmagy öwrenmelidirin! — diýip, Ýakup Isa bilen ýene we ýene dawalaşyp gygyrýardy.
Isa bolsa arkaýynlyk bilen oňa jogap bererdi.
— Sen Hudaýa bolan wepalylygyňy saklamalysyň.
Ýakup gyzardy.
— Men Hudaýa wepalydyryn! Näme üçin men wepaly däldirin? Men kanuny öwrenýändirin, ony ýatdan bilýändirin.
— Sen öwrenýärsiň, emma düşünýän dälsiň. Seniň ýüregiň gahardan doludyr.
— Meniň ýüregim dogry gahardan doludyr!
— Bigünä gan dökýänleriň yzlaryna eýermeklik — bu dogry işmidi?
— Bigünä rimlini maňa görkez!
— Ýakup! — diýip, Merýem gahar bilen gygyrdy we şol bada özüni ele almaga synanyşdy. — Doganyňa gulak as.
Ýakup ejesine tarap öwrüldi.
— Sen hemişe-de Onuň tarapyny tutýarsyň. Eger Ol menden uly bolýan bolsa, onda bu Onuň ähli zady bilýändigini aňladýan däldir.
Gaharlanan Merýem ýerinden turdy.
— Edil maşgalanyň başyna bolşy ýaly, sen doganyňa hormat goýarsyň. Onuň saňa diýýänlerine gulak goý.
— Men diňlemek islemeýärin, — diýip, Ýakup ýüzüni elleri bilen ýapdy-da, lapykeçlik bilen aglap başlady.
Merýem Isa seredip, Onuň öz doganyny köşeşdirmegini haýyş etdi. Emma Isa ýerinden turup, ýene-de uzak wagtlap daga gitmekligi üçin öýden çykdy.
Öz çagalary bilen bile oturyp, Merýem olara nesihat bererdi:
— Siz Isa gulak asmalysyňyz. Onuň isleýşi ýaly size öwretmekligine rugsat bermelisiňiz, çünki ýöne bir doganyňyzdan Onuň uludygyna siz wagty gelende göz ýetirersiňiz.
Ýusup ejesine seretdi.
— Her ýahudynyň özüniň ilkinji ogluna edil Mesihe seredişi kimin seredýändigini mugallym aýdypdy.
— Munuň şeýle däldigine göz ýetirýänçä muňa ynanmaklygyny dowam etdirýär, — diýip, Ýakup ajy gürledi.
Merýemiň gözleri gözýaşlardan doldy. Olar täsinlik dileýärlermikä?
— Isa siziň jigiňizi sagaltdy. Ol çöregi köpeldýär. Ol hemişe-de biziň küýzelerimizi doly saklaýandyr.
Ýakup ejesine bakdy.
— Sen şeýle hasaplaýaň.
Bu sözlerden Merýem üşäp gitdi. Ol özüniň kiçi ogullaryna ýatlatdy:
— Isa elini Hannanyň maňlaýyna degirdi we onuň gyzgyny geçdi.
— Gyzgynyň geçeninden soň Ol Hannany eline alan bolmagy ähtimaldyr.
— Eje, meniň ýadymda, — diýip, Ýusup uly doganyny goldady. — Kakam dolanyp gelende, sen gaty ýadaw bolanlygyň sebäpli, hatda aýak üstünde hem durup bilmändiň. Hanna bolsa uklap ýatyrdy.
— Hanna ölüm ýassygynda ýatyrdy.
Merýem özleriniň kakalary Ýusuba meňzeýän kesir ogullaryna seretdi, emma olaryň ynamlary Ýusubyň ynamyndan gaty gowşakdy. Olaryň garşylyk görkezişleri Merýemiň gaharyny getirýärdi.
— Baryň we doganyňyzyň ussahanasyny süpürişdiriň. Baryň! Ýa-da baryny Ol siziň üçin etmelidirmi?
Garaşmaklygyň kyndygyny Merýem bilýärdi. Emma Isanyň hökümdarlyga eýe bolan gününi hökman görerler we şonda olar Oňa ynanyp, Onuň ýanynda durarlar. Wagty dolar!
* * *
Ýyllar geçýärdi.
Her baharda Merýemiň uly Ogly Pesah baýramy üçin özleriniň Iýerusalime ýola düşmelidiklerini aýdardy. Her ýyl Merýem Oňa seredende, şatlykly tolgunmany duýýardy.
— Wagty doldumy? Şu ýylmy?
Iýerusalime bolan her bir ädim Merýemiň ýüregini şadyýanlykdan doldurýardy. Ähli garyndaşlarynyň Dawut şanyň şäherine ýygnanyşyp, pesah naharynyň başynda toplananlarynda, Merýem şu ýyl Ylýas pygamberiň peýda bolup, Mesihiň gelýändigini wagyz etmekligi hakda gyzgyn dileg ederdi. Çörek döwüm, hemmelere geçirerdiler, çakyr içip, ajy otlar iýerdiler we gapynyň agzynda Ylýas pygamberiň gelendiginden habar almaklygy üçin iň kiçi çagany ibererdiler. Her gezek Merýemiň ýüregi dürküldäp urýardy.
— Ol ýerde Ylýas pygamber ýok.
Ýyllar geçýärdi. Isa erkek bolup ýatişipdi, Zekerýa bilen Hannanyň ogly bolsa, peýda bolmaýardy.
Her gezek Merýem özüniň garyndaşlary bilen käsesini galdyryp, şeýle diýerdi:
— Indiki ýyl Iýerusalimde.
Onsoň ol özüniň lapykeçlik gözýaşlaryny Isanyň görmezligi üçin kellesini aşak egýärdi.
Altynjy bap
Merýem elindäki küýze bilen baýyrdan düşüp, şäher guýusynyň boýunda nobata durdy. Ol aýallaryň Iordan derýasynda peýda bolan bir täze pygamber hakda edýän gürrüňlerini çalaja eşitdi. Özlerini Hudaýyň pygamberleri diýip yglan edýän adamlar hemişe-de tapylardy.
— Meniň oglum şol ýere baryp, ony diňläpdir, — diýip, bir aýal gürrüň berýärdi. — Ol düýn gije dolanyp gelip, pygamberiň hyjuw bilen Işaýa pygamberiň kitabyndan wagyz edýändigini aýtdy.
— Seniň pikiriňçe, ol Mesihmikä? — diýip, beýleki aýal sorady.
— Hudaýdan başga kim muny bilsin?
— Meniň adamym şu gün irden Ýahýanyň wagyzlaryny diňlemäge gitdi. Öz ýany bilen ogullarymy hem äkitdi.
Bu ady eşidip, Merýem gaty tolgundy.
— Onuň ady Ýahýa diýdiňmi?
— Oňa Ýahýa suwa çümdüriji diýýärler.
Tolgunmasyny saklap, Merýem küýzesini suwdan doldurdy-da, ony egnine goýup, baýra galyp başlady.
Küýzäni öýüň ýanynda goýup, ýüzüne suw sepdi-de, Isanyň işleýän ussahanasyna tarap howlukdy.
— Iordan derýasynda Ýahýa atly pygamberiň wagyz edýändigi hakda men hut şu gün eşitdim, — diýip, Oňa habar berdi. — Biz baryp, onuň Elizabetiň oglumy ýa-da däldigini anyklamalydyrys.
Isa gural ýasamagyny dowam etdirýärdi.
— Men ol hakda eşitdim.
Ol bilýärdimi? Onda näme üçin Ol Merýeme hiç zat aýtmady? Merýem Ogluna ýakynlaşdy.
— Biz haýal etmän gitmelidiris! Men häzir baryp, Ýakup bilen Ýusubyň taýýarlanmaklaryny aýdaryn. Olar biziň bilen gitmelidirler. Elbetde, Simun, Ýahuda, Seniň gyz jigileriň hem öz ärleri bilen gitmelidirler. Olaryň bary biziň bilen gitmelidirler!
Isa kellesini galdyryp, ejesine seretdi we soň ýene-de işi dowam etdirdi.
Merýem ýüzüni çytdy.
— Ýahýanyň peýda bolmaklygy biziň garaşýanymyzyň alamaty dälmi näme?
— Ejejan, bar zadyň öz wagty bardyr.
Indiki birnäçe hepdeleriň içinde Merýem arkaýynlygy saklajak boldy, emma Nasyrada özlerinden başga hemmeleriň Ýahýanyň wagyzlarynda bolan ýalydy. Guýunyň daşynda aýallar hemişe-de «Suwa çümdüriji» hakda gürrüň ederdiler.
— Derýanyň boýuna kän adam ýygnanýar.
— Bir fariseýiň Ýahýany diňlemäge gelendigi we Ýahýanyň hem oňa alahöwrenler nesli diýendigi hakda eşitdim.
— Hatda salgyt ýygnaýjylar we rim esgerleri hem ony diňlemäge barýarlar.
— Meniň oglum Ýahýa — bu Mesih diýip hasaplaýar.
Merýem titräp gitdi.
— Hemmeler oňa haýran galýarlar, — diýip, beýleki aýal aýtdy.
Lapykeçlik bilen özüniň Ogly Isanyň Mesihdigini gygyrmajak bolup, Merýem dilini dişlemeli boldy. Gün-günden Merýem has-da güýçli tolgunýardy.
Ahyrynda Merýem çydap bilmedi.
— Men ol ýere gitjek, Isa, — diýip, Ogluna ýüzlendi. — Men Ýahýany görjek.
Isa ejesi bilen gitjekdigini teklip etmände, Merýem gaty lapykeç boldy.
* * *
Merýem özüniň kiçi ogullary bilen gelende, Iordanyň kenarlarynda topar-topar erkekler, aýallardyr çagalar ýygnanyşypdylar. Märeke gaty ses edýärdi. Kimdir biri bir daşyň üstünde oturan sakgally erkek bilen gürrüňlerişip otyrdy. Ol erkek düýe ýüňünden edilen geýim geýip, biline bolsa deri guşagyny daňypdy. Bu saçly erkek Elizabetiň oglumyka? Edil «çölde gygyrýanyň sesini» diňlemekleri üçin bütin Nasyra bu ýere ýygnanan ýalydy. Bu ýerde jelep aýallar we ruhanylar, rim esgerleri we ýahudy kanunçylary, daýhanlar we balykçylar bardylar.
— Dogrudanam günäleriňizi boýun alyp, Hudaýa ýüzlenendigiňizi öz durmuşyňyz bilen subut ediň! — diýip, Ýahýa kenarda duran fariseýlere seredip gygyrýardy. — Siz: «Biz azatdyrys, çünki biziň kakamyz Ybraýymdyr» diýmäň. Bu hiç zady hem subut edýän däldir. Hudaý islese, şu daşlardan hem Ybraýymyň ogullaryny döredip bilýändir.
Hatda uzakda durubam, Merýem onuň sözlerini adamlaryň nähili kabul edýändiklerini görüp bilýärdi. Fariseýler gopbamsylyk bilen başlaryny galdyryp, ol ýerden aýrylýardylar. Ýahýa olaryň yzlaryndan gygyrýardy:
— Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanar!
— Eje! — diýip, Ýahuda eli bilen beýle tarapa görkezip, Merýeme ýüzlendi. — Isa ol ýerde!
Derýanyň kenarynda duran märekäniň arasynda Merýem Isany gördi. Ony gurşan erkeklerdir aýallar özlerini Ýahýanyň suwa çümdürmegini haýyş edýärdiler. Isa pygamberiň ýanyna ýakynlaşanda, Merýemiň ýüregi dürküldäp urýardy.
— Günäleriňizi boýun alandygyňyz üçin men sizi suwa çümdirýärin, — diýip, Ýahýa elini erkegiň egnine goýdy-da, onuň çümmegini buýrup, onsoň ony suwdan galdyrýardy.
Ýaňy suwa çümdürilen erkek derýadan çykanda, Ýahýa kenarda duran Isa seretdi. Pygamber sesini çykarman, Onuň suwa girip, ýanyna gelýänçä, gözüni aýyrman Isa seretdi. Ýahýa heniz ejesiniň göwresindekä, ol Isany bireýýäm bilýärdi.
Merýem Simun bilen Ýahudanyň ellerinden tutup, ýakynrak barjak bolup, märekäniň arasyndan ýöräp başlady. Ýahýa bilen Isa gysgaça gürleşdiler we Isa suwa çümdi. Özüniň ünsüni edil kimdir biriniň ýokarda çekişi ýaly edip, Ýahýa asmana seretdi. Merýem hem asmana seretdi, emma hiç bir enaýy zady görmedi. Ýahýa elini Isanyň üstüne uzatdy. Pygamber uly hormat bilen Hudaýyň Ogluna seredýärdi. Isa yzyna öwrülip, suwdan çykdy we kenar boýunça gitdi. Şol pursatda bolsa, birnäçe ýaş ýigitler çaltrak Ýahýa ýakynlaşmaklyk islegleri bilen derýa girdiler.
— Ýörüň, ogullarym. Biz hem doganyňyzyň edişi ýaly edeliň.
Merýem töweregine göz aýlap, Isa görünmezmikä öýdüp, çagalaryny suwa çümdürmeklik üçin derýa alyp bardy. Bir gezek Ony gören ýaly boldy, emma ol adamyň Nasyra däl-de, gündogar tarapa gidendigi sebäpli, ol adam Isa däldir diýip oýlady.
Sabat güni Merýem bilen onuň kiçi ogullary öýlerine gelenlerinde, ol ýerde Isa ýokdy.
Soňra hem ol dolanyp gelmedi.
* * *
Bir hepde geçdi, onsoň ýene biri, onuň yzysüre ýene bir hepde geçdi, emma Isa henizem ýokdy. Ol nirä gitdikä? Öýe bolan ýolda oňa garakçylar duşup, Ony gana boýap, ýolda taşlap gitdilermikä? Elbetde, beýle däldir! Onda Onuň bilen näme bolup bildikä? Ýakup bilen Ýusup tolgunýardylar we özleriniň doganyny gözlemäge gitdiler; olar bir hepdeden soň nägile we gaýgyly bolup geldiler.
— Ejejan, Ony hiç kim hem görmändir.
— Haçan öýe dolanmaly diýip hasaplasa, şonda-da Isa öýe dolanyp geler, — diýip aýdanda, Merýem özünden onuň sözlerinde uly ynamlylyk bardy. Isanyň nirede bolýandygyna seretmezden, Hudaýyň Onuň bilendigini we Hudaýyň Öz Ogluny her hili bela-beterden goraýandygyny Merýem bilýärdi.
Hirodesiň buýrugy bilen Ýahýanyň türmä taşlanandygy hakyndaky habary eşidýänçä Merýem howsalalanmady. Ýahýanyň azat edilmegini talap etmek üçin onuň Ogly Iýerusalime gidäýdimikä?
— Seniň ajaýyp ogluň nirede? — diýip, guýunyň başynda aýallar Merýemden soraýardylar. — Meniň ärim düýn azaly oňarmak üçin siziň ussahanaňyza barypdy we ol ýerde diňe Simun bilen Ýahudany görüpdir.
Merýem Isanyň suwa çümdürilmegi üçin Iordana gidendigini aýdanynda, aýallar başlaryny ýaýkadylar.
— Emma bu birnäçe hepde mundan ozal bolupdy. Diňe Özi hakda alada edip, seni oglanlar bilen ýeke galdyrmagy gowy däldir.
Ýekeje-de söz aýtman, özleriniň uly doganynyň gidendigi üçin Merýemiň kiçi ogullary-da gaharlydylar. Emma Merýem özüniň ilkinji Ogluny gorap: «Isa Özüne Kakasynyň aýdyşy ýaly etmelidir» diýerdi.
— Biziň kakamyz aradan çykdy we indi Isa — maşgalanyň başydyr.
— Simun we Ýahuda uzak wagtlap Isa bilen Töwraty öwrenip, Oňa ussahanada kömek etdiler. Şonuň üçin hem olaryň özleri indi özbaşdak işläp bilýändirler, — diýende, Isanyň indi hiç haçan hem gaýdyp gelmezliginiň mümkindigi baradaky pikir Merýemiň kellesine geldi. Ol Mesih ahyryn! Onuň Jeliledäki tanymal bolmadyk şäherjige gaýdyp gelmeginiň näme ähmiýeti bolar? — Belki-de, Ol Iýerusalime gidendir.
Eger Iýerusalime bolmasa, onda nirä giden bolmagy mümkin?
Merýem howsala düşmeli däldir. Ol Hudaýa bil baglamalydyr.
Özüniň nägileliklerini Isa aýtmaklyk gerekmikä? Şu wagta çenli Ol Merýemi şeýle howsala salmandy. Ol hiç haçan hem sebäpsiz we dileg etmän, hiç bir işe baş goşmazdy.
Merýemiň garaşmadyk wakasy amala aşypdy.
— Ýok. Wada ýerine ýetmelidir, — diýip, Merýem başyny galdyrdy. — Hudaý biziň bilendir, Isa bolsa baryny dogry edýändir.
— Ejejan, — diýip, Ýakup Merýemi gujaklady.
Merýem bolsa oglundan yza çekilip durdy.
— Hudaý biziň bilendir we siz Mesihiň dabany bilen şeýtany mynjyratjak gününi görersiňiz.
Merýem çagalarynyň howsalaly bakyşlary bilen bir-birlerine seredişlerine üns berdi. Onuň ýüregi gaýgydan doldy. Olary ynandyrmak üçin Merýemiň sözlerinden-de ulusy gerek bolar. Olaryň ýüreklerini üýtgetmeli bolar.
* * *
Merýem Kana şäherinde ýaşaýan garyndaşynyňka toýa ýollananda, öýüne tarap ylgap gelýän ogly Ýahudany gördi.
— Isa gelýär! Ol öýe dolanýar!
Şatlykdan aglap, Merýem özüniň ilkinji Ogluny garşylamak üçin aşak ylgady. Ol Isany gujaklap, howsala bilen Oňa seretdi.
— Sen nädip horlanypsyň! — diýip, Merýem gorky bilen aýtdy. — Güne-de ýanypsyň, — diýip, ol Oglunyň günde ýanan ýüzüne elini degirdi. — Ýör, Sen iýip-içip, dynjyňy almalysyň.
Isa gülki bilen ejesini göterip, onuň ýaňaklaryndan ogşady-da, ýene-de aýak üstünde goýdy.
— Eý aýal, sen näme üçin hemişe Meniň näme etmelidigimi görkezmäge synanyşýaň?
Merýem Onuň bilen bile güldü-de, elleri bilen Onuň güne ýanan ýüzüni gysdy.
— Ene öz ogly hakda alada etmeli däldirmi näme? — diýenden soň, Merýem özlerine seredip duran bir topar erkekleri gördi. — Bu adamlar kim?
Merýem olaryň ýüzlerine gowyja üns berip, olaryň ikisini tanady.
— Ýakup! Ýahýa! Meniň doganym Zebedeýiň jany sagmy? — diýip, Merýem salamlaşmak üçin erkekleriň ýanlaryna bardy.
— Sagdyr, Merýem, — diýip, Ýahýa jogap berdi-de, Merýemi gujaklady.
— Emma Isanyň yzyna eýermekligimiz üçin ony taşlandygymyzdan ol gaty nägile.
Merýem beýlekilere-de göz aýlap, bu toparyň dürli adamlardan ybaratdygyny öz içinden belledi.
— Ýöriň. Hemmäňiz üçin hem meniň çöregim ýeter, ertir bolsa biz meniň Kanadaky garyndaşymyň toýuna gideris. Isa, Seniň dostlaryň biziň bilen bile gidip bilerler.
Bütin agşam Merýem şatlyk bilen Isa we onuň dostlaryna hyzmat etdi. Ýakup bilen Ýusup gelip, Isa bilen gürleşmek üçin Ony çagyrdylar. Olaryň maşgala baradaky aladany Isanyň üstüne atjakdyklaryny Merýem anyk bilýärdi, emma özüniň aýtjak her bir sözüniň peltesine ýag damdyrjakdygyny-da bilýärdi. Şonda-da özüniň bardygynda Ýakup bilen Ýusup dillerini saklarlar öýdüp, Merýem gapynyň bosagasynda durdy. Ýöne şonda-da doganlaryň arasyndaky gürrüň çylşyrymly boldy we Merýem Isanyň sabyrly bolup, doganlarynyň her bir igençlerini diňländiginden minnetdar boldy. Merýem tolgunýardy. Emma Isa gürrüňine başlanda, ol Ony ünsli diňläp oturdy.
— Meni Ruhuň alyp barjak ýerine gitmelidirin, — diýip, doganlary ümsüm bolanda Isa aýtdy.
Ýakup gaharly görünýärdi.
— Ejemiz näme?
Isa elini Ýakubyň egnine goýdy-da, mähir bilen ýylgyrdy.
— Men Öz ejem hakda hökman alada ederin.
Maşgala hakdaky aladanyň ýeke Isanyň egninde bolman, doganlaryň hem aladalanmaly wagtynyň gelendigine Merýem hem edil Ýakup bilen Ýusup ýaly anyk düşündi.
Isanyň şu wagta çenli bolmandygynyň sebäbini aýtmandygy we geljek üçin hiç hili wada bermändigi üçin doganlar gaharlanyp, ol ýerden tutup gitdiler. Özüniň kiçi ogullarynyň neneň diňe özleri hakda alada edijilerdigini Merýem anyk gördi. Şu wagta çenli ähli zat hakda alada edip gelen doganlarynyň bolmanynda, olaryň durmuşlary agyr bolar. Olar diňe özleri hakda däl-de, başgalar hakda hem alada etmeli bolarlar. Özüniň aýratyn söýgüsini Isanyň eýeländigi üçin doganlarynyň Oňa gabanjaňlyk edýändiklerini-de Merýem görýärdi. Ogullarynyň özüniň teni we gany bolandyklary üçin Merýem olaryň ählisini-de söýýärdi. Merýemiň ýöne bir ganyndan we teninden bolandan hem Isanyň uludygyna olar haçan düşünerkäler? Näme üçin Isa bilen gelen nätanyş adamlar Onuň Hudaýdan bolan nuruny Onuň öz doganlaryndan hem anyk görüpdirler?
Isanyň bu dostlary neneň dürlidiler: olar ýaşlary, işleri, bilimleri we ýaşaýan ýerleri bilen bir-birlerinden tapawutlanýardylar. Simun Petrus Merýemiň ýaşdaşyna barabar bolan, sakgallary agaryp başlan balykçydy, onuň kiçi dogany Andreýas bolsa, daýhana däl-de, kanunçy adama meňzeýärdi. Natanaýel bolsa, hiç zat diýmän, Isanyň aýdýanlaryna berk gulak asýardy. Filipus bolsa, kanunyň dürli tabşyryklaryny Merýemiň Oglunyň düşündirmegini gaýtalap-gaýtalap soraýardy.
Muňa seretmezden, Ýakupdan, Ýusupdan, Hannadan, Saradan, Simundan we Ýahudadan tapawutlylykda, bu adamlar Isanyň her bir sözüni sypdyrmajak bolýardylar we olaryň gözleri umyt bilen ýagtylanandy.
Gün ýaşanyndan soň bolsa, Merýem çyralary ýakyp, Isanyň öýde bolandygy sebäpli arkaýyn ýatmaga gitdi.
Indi bary gowy bolar.
* * *
Ertesi gün Merýem, Isa we Onuň dostlary Kana toýa ýola düşdüler. Ol ýene-de birsalymlap özüniň uly Oglunyň ünsüni çekmegi isleýärdi. Emma Isany diňe Özüniň şägirtleri gyzyklandyrýan ýalydy we Ol olara bir zatlar gürrüň berýärdi. Belki-de, Merýem soňrak Onuň bilen ýekelikde gürleşip biler. Özüniň öýde bolmanynda, Merýemiň Ogly üçin dokan uzyn köýneginiň Oňa gelişýändiginden hoşal bolup, Merýem Isanyň egnini sypalady. Özüniň Oglunyň nirededigini bilmänindäki şol howsalaly günler bu iş Merýemiň hem elini, hem kellesini işsiz galdyrmandy.
Merýem Isa we Onuň dostlary bilen gelniň ýigidiň öýüne getirilýän wagtyna golaýlap, toýa ýetişip geldiler. Bütin şäher toýa çagyrylypdy we çagyrylanlary her dürli nygmatlar we şerap bilen garşy alýardylar. Dürli gurallarda saz çalnyp, adamlar gijäň ýaryna çenli tans etdiler.
Merýem toýda beýle kän adam görmändi. Wagtal-wagtal saçaklara täze nygmatlar getirýärdiler. Toý dabarasynyň iki-üç günläp, uzaga çekendigi sebäpli, şerap öňküsi ýaly bol getirilenokdy. Dördünji gün Merýem nägileli pyşyrdylary eşitdi. Öýlenýän Ýakup özüniň gelinligi bilen şeýle bir gyzygypdy welin, hatda hyzmatkärleriň ýüzlerindäki howsala üns hem bermeýärdi. Hyzmatkärleriň biri toýuň guramaçysynyň ünsüni çekjek boldy, emma peýdasy bolmady.
Merýem hyzmatkäriň ýanyna bardy.
— Sen näme hakda aladalanýaň?
— Bizde diňe bir küýze şerap galdy, başga ýokdur.
— Ýakubyň öýünde ýene bar bolmagy ahmaldyr.
Hyzmatkär ýok diýip, başyny ýaýkady.
Eger toý gutarmanka şerap gutarsa, onda ýigit masgaralanar. Betbagt Ýakup beýle wakany başyndan geçirip bilmez.
— Ýör, men Oglum bilen gürleşeýin. Ol bize kömek edip bilýändir.
Merýem Isa ýakynlaşanda, Ol Öz dostlary bilen gürrüňe gyzygypdy. Ol Isanyň töwerigindäki adamlaryň ortarasyna girip, Onuň öňünde dyza çökdi-de, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:
— Olaryň şeraby gutarypdyr.
— Eý hatyn, Meniň işimiň saňa näme dahyly bar? — diýip, Isa ýuwaşja aýtdy. — Meniň wagtym entek gelip ýetenok.
Merýem kellesini galdyrdy-da, haýyş bilen Onuň gözlerine seretdi. Toýda şerabyň ýetmezlik etmegi ýigidi masgaralap, jemgyýetde ony abraýsyz etjekdigini Isa Merýemden gowy bilýärdi. Merýem Isanyň ýaş garyndaşynyň ýagdaýynyň Özi üçin biparh däldigini bilýärdi. Galyberse-de, Isa bu toýa Özüniň dostlaryny-da getirip, adamlaryň sanyny artdyrypdy. Merýem ýylgyryş bilen Isanyň elinden tutup, ony ogşady. Onsoň ol ýerinden galdy-da, güýçli howsala düşen hyzmatkäriň ýanyna baryp şeýle diýdi:
— Size näme diýse, şony-da ediň.
Bir çete çekilip, Merýem Isanyň hereketlerine üns berip durdy.
Ýerinden turman, Isa diwaryň ýanynda duran alty sany daşdan ýasalan küýzelere seretdi. Häzir olar boşdular, emma arassalanmak däbine çenli olary suwdan doldurarlar.
— Küýzeleri suwdan dolduryň.
Hyzmatkärler geň galyp, bir-birlerine seredişdiler. Olaryň näme hakda oýlanýandyklaryny Merýem göz öňüne getirip bilýärdi, — eger güýli serhoş bolan myhman hem şerap bilen suwuň tapawudyny bilýän bolsa, onda Onuň diýýänini etmekligiň näme peýdasy bardy. Ýöne olaryň ýagdaýlary umytsyzdy we olar buýrugy ýerine ýetirmäge howlukdylar. Isa özüniň şägirtleri bilen gürrüňi dowam etdirende, hyzmatkärler çaltlyk bilen küýzelerden guýa we ýene-de yzlaryna ylgaýardylar. Küýzeleriň agyzlaryna çenli doldurylanda, dere batan hyzmatkärler Isanyň ýanyna geldiler.
— Indi şulardan guýup, toýuň guramaçysyna äkidiň, — diýip, Isa buýruk berdi.
Merýem suwdan guýup, toýuň guramaçysynyň ýanyna giden hyzmatkärleriň yzlary bilen gitdi. Gyzyl suwuklyk guramaçynyň käsesine guýuldy we Merýemi şatlykdan haýran galmanyň tolkunlary çümdürdi. Guramaçy käsesinden bir owurt dadanda, onuň gözleri ýalpyldady. Guramaçynyň ýigide aýdanlaryny eşider ýaly Merýem ýakynda durdy:
— Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa, erbedini berýändir, emma sen gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň!
Şatlykly ýylgyryş bilen Merýem gapdalyna bakdy we şägirtleriň ýüzlerindäki şatlygy gördi. Tolgunan hyzmatkärler täze şeraby myhmalaryň arasynda paýalaşdyryp, Isanyň edenini hemmelere gürrüň berýärdiler.
Merýem bularyň baryny görýärdi we onuň gözlerinden şatlygyň gözýaşlary akdy.
Indi olar ynanarlar! Özi we Ýusup baradaky ähli gybatlar indi bes ediler we onuň ogullary, gyzlary we dostlary hakykaty bilerler: Isa — Merýemiň halkynyň ýüzlerçe ýyllardan bäri garaşýanydyr.
Isa! Ol öz halkyny azat eder! Emmanuýel! Hudaý biziň bilen!
Tizara, tizara ysraýyl halky azat bolar!
* * *
Olaryň bary bilelikde Nasyra dolanyp gelip, sinagoga gitdiler. Isa öňde oturdy, dostlary bolsa Onuň ýanynda oturdylar. Töwraty okap, Musanyň kanunlarynyň manysy hakda gürrüň edilişini diňlejek bolup, Merýem tolgunma bilen öň hatarlara tarap geçip barýardy. Isa ýerinden turanda, ümsümlik aralaşdy, çünki Onuň Jelile deňziniň boýundaky wagyzlaryny köpler eşidipdiler. Kanadaky toýdaky Onuň suwy şeraba öwrüşi hakynda gürrüň hem bireýýäm ýaýrapdy.
Isany çagyryp, garry mugallym elini uzatdy. Isa ýapynjasyny düzedişdirip, Töwrat okalýan ýere galdy. Mugallym Oňa ýazgylary uzatdy. Isa ony açyp, okap başlady.
— Rebbiň Ruhy Meniň üstümdedir, çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Ol Meni mesih etdi.
Merýemiň ýüregi çaltlyk bilen urup başlady. Isanyň Töwrat okaýşyna Merýem adamsy bilen üns berenlerindäki Ýusubyň aýdanlary Merýemiň ýadyna düşdi. «Onuň sesi… — diýip, Ýusup gözýaşlary bilen aýdypdy. — Ol kanunlary okanda, Onuň sesi hiç bir adamyňka-da meňzemeýär. Ol ýatlanan aýatlary gaýtalaýan ýaly däl-de, edil aýdýanlarynyň baryny bütin ýüregi bilen başyndan geçirýän ýaly edip okaýar».
Ine-de, Merýemiň söýgüli Ogly Isa hemmelere Özüniň Hudaýyň mesih edenidigini, adamlaryň şu wagta çenli garaşan Mesihidigini aýan etdi! Merýem Isanyň oturan ýerindäki ogullaryna seretjek bolup aşak bakdy we gorky bilen olaryň eginleriniň aşak egilip, başlarynyň sallanandyklaryny gördi.
— Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Ol Meni mesih etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi, — diýip, Isa ýazgylary dolady-da, mugallyma berdi. Onsoň Ol aşak düşüp, Öz ýerinde oturdy. Ümsümlik höküm sürýärdi, hemmeleriň gözleri Isa dikilendi. Merýemiň ýüregi gitdigiçe güýçli urýardy.
Bir erkek adam ýerinden galdy.
— Bu Mesihiň sözleridir! Ol Hudaýa dil ýetirýär!
Isa Petrus diýip atlandyran şägirdiniň böküp ýerinden turandygyny Merýem gördi we ol şägirdiň ýaňaklary gyzarypdy.
— Eger Onuň nämäni göz öňünde tutandygyny sorasaňyz, onda belki…
Onuň sözleri güýçlenip barýan sesleriň içinde ýitip gitdi.
— Men Onuň täsinlikler döredendigi… suwy şeraba öwrendigi… ekin, bugdaý we haşal otlar hakda tymsallar aýdandygy… Onuň akyldarlyga eýedigi hakynda eşitdim.
—
Merýem özüniň daşyndaky aýallaryň ünsleriniň özündedigini duýdy: Nasyranyň ýaşaýjylarynyň ýatlaryna Merýem, Ýusup we Isanyň dogluşy hakdaky biderek gürrüňler direldi. Merýem dere batdy.
— Ýok, — diýip, ol ýuwaş aýtdy.Ýok, ýok.
— Biz Onuň ejesi Merýemi tanaýandyrys, — diýip, kimdir biri goşdy.
— Onuň doganlary — Ýakuby, Ýusuby, Simuny we Ýahudany hem bilýändiris.
Ýygnananlar Merýemiň ogullaryna göz dikdiler we olar özlerini masgaralananlar kimin duýdular.
— Onuň doganlary hem biziň aramyzda, — diýip, ýene biri aýtdy.
Merýem göz aýlap, Saranyň gyzaryp, ýüzüni ýapynjasy bilen örtendigini, Hannanyň bolsa, çykalga tarap ylgap, sinagogadan çykyp gidişini gördi.
— Ýok… ýok… ýok, — diýip, Merýem başyny ýaýkady-da, özüne töweregindäkileriň hem gynanç bilen, hem-de höküm bilen seredýändiklerini duýdy.
Ol beýle tarapyna öwrülip, ýanynda duran aýalyň pyşyrdysyny eşitdi:
— Men bolsa Isany hemişe-de täsin oglan hasaplapdym. Bu günüň masgaralygyny Merýem ömür ýuwup bilmez.
Isa oturmagyny dowam etdirdi.
— Indi Ol özüne pygamber diýýär! — diýip, bir erkek adam gahar bilen gygyrdy.
Isa gorkudan iki bükülen doganlaryna seretdi.
— Öz maşgalasynda-da, — diýip, Ol ýerinden turup, Özüni masgaralaýanlara seredip aýtdy. — Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende, Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi. Elişa pygamberiň zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan başga olaryň hiç biri tämiz bolmady.
— Bize beýle diýmegi bilen Ol Özi hakda näme oýlanýarka?
— Ol Hudaýa dil ýetirýär! Ony daşlap öldürmeli!
— Ýok! — diýip, Ogluny erkekleriň tutandyklaryny görüp, Merýem gygyrdy. Şägirtleri bolsa Ony goramaga çalyşdylar. Merýem aýallaryň arasyndan geçip, aşak ylgap gitdi. — Ony goýberiň! Meniň Oglumy goýberiň!
Erkekler aýaga galyp, Isany şägirtleri bilen bile sinagoganyň gapysyndan itekläp çykardylar. Adamlar Isa bilen Onuň şägirtlerini baýyrlyga tarap äkidenlerinde, Merýem hem olaryň yzlary bilen gitdi.
— Ýok! — diýip, Merýem dyngysyz gygyrýardy. — Näme edýändigiňizi siz bilýän dälsiňiz!
Erkekleriň biri Merýemi itip goýberdi we ol dyzyna ýykyldy. Özüne gelip, Merýem eli bilen daşlardan ýapyşdy. Agyry zerarly ol demini alyp bilmän, zordan aýagyna galyp, märekäniň yzyna düşdi. Birden hemmeler saklandylar we geň ümsümlik höküm sürdi. Märekäniň arasyndan Isa çykdy we gapdallaryndan geçip barýan adamlaryň her biri edil özlerini bir görünmeýän eliň yza çekişi ýaly yza çekildiler.
Agyrlyk bilen demini alyp, Merýem gözüniň ýaşlary bilen Isanyň ýanyna ylgap gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Isanyň ýanynda şägirtleri hem durdular.
— Isa, olaryň gözlerini aç. Goý, olar görsünler. Seniň muny başarýandygyňy men bilýärin. Öz Kimdigiňi olaryň görmeklerine mejbur et!
Isa şäheriň çetinde, Jelile deňzine eltýän ýoldan durup, Merýeme seredýärdi.
— Ejejan, olar öz ýüreklerini gatatdylar.
— Onda olary ýumşat. Haýyş edýän, Isa. Meniň üçin edäý!
Isanyň gözlerinde şeýle gaýgyny Merýem hiç haçan hem görmändi.
Isa elini uzadyp, mähir bilen onuň ýaňaklaryny sypalady.
— Ejejan, — diýip, Ol mähir bilen ýüzlendi, — mundan beýläk Nasyra Meniň öýüm däldir.
Merýem haýran galyp, Isanyň gözlerine üns bilen seredýärdi.
— Isa, Sen nädip beýle diýip bilýäň? Bu ýerde men. Seniň jigileriň…
Isa ony özüne çekip, berk gujaklady. Merýem hem öňküleri ýaly Ogluny gujaklady. Emma indi bir zatlar üýtgäpdi. Merýem Isanyň söýgüsiniň gaty güýçlüdigini duýdy, emma muňa garamazdan, Ol ejesinden daşlaşyp barýardy. Merýem Isany öňküsinden-de berk gysdy, emma Ol elini aýryp, yza çekildi. Onsoň Ol ýuwaş sesi bilen şeýle diýdi:
— Her kimiň özi saýlamalydyr.
Birsalymlap Ol ejesiniň ýüzüne üns berip seredip durdy-da, onsoň yzyna öwrüldi.
Isa ýol bilen aşak düşüp başlanynda, Onuň bilen şägirtleri hem gitdiler.
* * *
Merýem öz çagalaryny üýşürdi.
— Siziň doganyňyz Nasyradan gitdi we indi yzyna dolanmaz.
— Ýakup eger Isa öýe dolanyp geläýende-de, Ony sinagoga goýbererlermikä diýip, şübhelenýän diýdi.
Merýem onuň elini gysyp, beýlekilere seretdi.
— Ol Jelile deňziniň ýoly bilen gitdi. Ol Kapernauma dolanýar diýip çaklaýan. Biz ol ýere gitmelidiris.
— Nasyrany birnäçe günläp taşlamaklyk — belki-de, gowy pikir bolsa gerek, — diýip, Ýusup aýtdy. — Goý, bu ýerde hemmeler hem köşeşsinler.
— Biz Isa bilen hem gürleşip bileris, — diýip, Ýakup goşdy.
— Ejejan, men ärim üçin gerekli bolaryn, — diýip, Hanna ejesine ýüzlendi. — Men ondan rugsat alman gidip bilmerin.
Sara hem uýasy ýaly gaýgyly görünýärdi.
— Sinagogada bolanyndan soň biziň haýsy birimiz Onuň ýanyna gidip bileris?
Merýem olaryň dönükligine geň galdy.
— Siz doganyňyzyň bir gezek-de aldanyny görüpmidiňiz?
— Ýok, ejejan, — diýende, Ýakubyň gözleri garaldy. — Emma Ol hiç haçan hem Özüni Hudaý diýip yglan etmändi.
— Ol
Ellerini dyzynyň arasynda berk gysyp, Ýakup öňe egildi, onuň ýüzünde howsala görünýärdi.
— Biz çagalaryň nädip dogulýandygyny bilýändiris. Isa — biziň doganymyz we biz Ony söýýändiris.
— Men aldaýandyryn öýdýäňmi?
Hakykat deregine olar gybatlara ynanmaklygy makul bildiler.
— Biz… — diýip, Ýakyp birsalym sakyndy-da, ilki beýlekilere, oňsoň ýene-de ejesine seretdi, — seni nädogry ýola salypdyrlar diýip oýlaýarys.
Merýemi gahar we ýigrenç eýeledi.
— Nädogry ýola salypdyralar? Nädip? Kim? Kakaňyz Ýusupmy? Ýusup ýaly Hudaýa çyn ýüregi bilen ymtylanlaryň arasynda Isadan başga dogry adamy tanaýaňyzmy? Isa hemişe-de adalatly we dogry hereket etmedimi näme?
Ýakup başyny sallady.
— Hut Onuň kanuny ýerine ýetirýänligi hem Onuň Hudaý däldigini subut edýändir.
Merýem ýerinden turdy. Ol çagalaryna gaharlanyp, olar üçin öňkülerinden-de beter gorkdy. Eger olar Mesihi ret etseler, onda olar bilen näme bolar?
— Biz Kapernauma gideris. Doganyňyz size baryny düşündirer.
* * *
Ýakup bilen Ýusup Isa bilen gürleşmek üçin irden turdular, emma Isanyň hemişekisi ýaly ýekelikde wagtyny geçirmeklik üçin gidendigini olara aýtdylar.
— Isanyň Özüniň şägirtleri diýýän adamlary Onuň nirä gidendigini bize, Onuň doganlaryna aýtmaklykdan boýun towladylar. Olar özlerini edil Onuň janpenalary ýaly alyp barýarlar! — diýip, Ýakup bilen Ýusup arz etdiler.
Özüniň ogullarydyr gyzlarynyň Isanyň wagyzlaryny diňlänlerinde, Onuň hakykatda Kimdigine göz ýetirerler diýip, Merýem umyt edýärdi. Emma olar Onuň bugdaý we haşal otlar, baýlyk we ekin tymsallaryny diňlänlerinde, olar öňkülerinden-de beter aljyraňňylyga düşdüler. Özlerini Isanyň ähli märekeden tapawutlandyrmandygy üçin olar gaty gaharly boldular. Isa olara nätanyş adamlardan kän üns bermedi. Olar bilen ýekelikde bolmaklygy üçin Isanyň wagty bolmady, çünki ýüzlerçe adamlar Onuň ünsüni özlerine çekýärdiler. Galyberse-de, Merýemiň ogullarydyr gyzlary ruhanylaryň Isa bolan gatnaşyklaryndan howsalalanypdylar we Isanyň
Merýem gyzlary bilen giýewileri öz ýanlary bilen Simun we Ýahudany alyp, iki günden soň öýlerine gaýtdylar. Ýakup bilen Ýusup ýene bir gün galyp, oňsoň özleri bilen Nasyra gitmekligi üçin Merýemi yryp başladylar.
— Eje, biz Onuň üçin gerekli däldiris. Onuň ýanynda edil ýiten goýunlar kimin on iki adam bardyr we Ol nirä gitse-de, olar hem Onuň yzyna eýerýärler.
Merýem Isa bilen Onuň doganlarynyň arasynda peýda bolan bölnüşigi gördi we ahyrynda ogullarynyň diýýänlerine boýun boldy.
Pesah baýramy ýakynlaşyp gelýärdi we Merýem her ýylky Iýerusalime syýahata taýýarlanmalydy. Elbetde, Isa olar bilen bile Dawudyň şäherine gider.
Nasyradan çykmazlaryndan ozal olar Isanyň bireýýäm gidendigini bilip galdylar.
* * *
— Seniň Ogluň Isa bireýýäm şäherde, — diýip, Merýemiň öz çagalary bilen Iýerusalime gelende, Abyýa oňa aýtdy. — Ol ybadathananyň howlularynda wagyz edýär, — diýip, hormatly ýaşuly ýüzüni çytdy.
— Hemmeler Ol hakda gürrüň edýärler, — diýip, Abyýanyň aýaly Rahel goşdy. — Onuň şägirtleri-de peýda bolana meňzeýär.
Abyýa başyny ýaýkady.
— Onuň taglymatlary fariseýlere ýaramaýar.
— Nasyranyň ýaşaýjylaryna-da, — diýip, Ýusup ýüzüni çytyp aýtdy.
— Onuň şägirtleri däpleri saklamaýarlar diýip eşitdim.
— Neneň? — diýip, Merýem haýran galyp sorady.
— Olar nahar iýmezlerinden ozal däbe görä ellerini ýuwmaýarlar. Fariseýler bu hakda Isa sorag berdiler we Isa olara ikiýüzlüler diýdi.
Merýemiň saçlary syh-syh boldy.
— Ikiýüzlüler? — diýip, Merýem ýene bir gezek ýuwaşja gaýtalap sorady-da, Isanyň özüne erk edip bilmekligini ýitirendigini göz öňüne getirip bilmedi.
— Dilleri bilen Hudaýyň adyny tutup, ýürekleriniň bolsa, Ondan gaty daşdygyny Isanyň fariseýlere göni aýdandygyny meniň dostum eşidipdir. Adam taglymatlaryny we parzlaryny adamlara öwredýändikleri üçin fariseýleriň Hudaýa ynanmaklarynyň biderekdigini seniň Ogluň aýtdy, — diýip gürrüň berýärkä, Abyýanyň ýüzi gitdigiçe gyzarýardy. — Elbetde, Onuň yzyna eýerýänlere bularyň bary ýaraýandyr, — diýip, Abyýa Merýeme çiňerlip bakdy. — Seniň Ogluň beýle taglymatlary nireden aldy? Sen Onuň bilen gürleşip, biziň Hudaýymyza gurbanlyk getirýän adamlary Onuň hormatlamalydygy hakynda ýatlamalysyň!
— Eger Ol mundan beýläk hem Özüni şeýle alyp barsa, onda Ol Hirodesiň gaharyny getirip, öz ömrüni edil suwa çümdüriji Ýahýa kimin tamamlar.
— Abyýa, — diýip, Rahel adamsynyň egnine kakdy.
Merýem üşäp gitdi.
— «Ýahýa kimin» diýmekligiň bilen sen näme diýjek bolýaň? Näme boldy? — diýip, Merýem öz çagalary bilen garyndaşlaryna göz aýlady. — Siz menden näme gizleýärsiňiz? Ýakup, Ýusup?
Ýakubyň damarlary ulaldy.
— Ýahýanyň kellesi alyndy.
Merýem bokurdagyna ýapyşdy.
— Kellesi alyndy?
Onuň ýaňaklaryndan gözýaşlar döküldi. Zekerýa bilen Elizabetiň täsin çagasy öli? Ejesiniň göwresinde Isany tanan Ýahýa ölümi?
— Ýahýa iru-giç öldürilerdi, — diýip, Abyýa sözüni dowam etdirdi. — Ol Hirodes bilen onuň ýaňy alan aýaly Hirodiýany masgaralady. Patyşa bilen aýaly zynada günäkär diýip gygyrybam, onuň netijesine garaşman bolmaz. Hirodes Hirodiýany aýallyga almaklygy bilen günä etdi diýip, Ýahýa göni aýtdy. Çünki Hirodesiň dogany, Hirodiýanyň äri heniz diridi.
Merýem Abyýa çiňerilip bakdy.
— Emma bu dogrudyr. Munuň dogrudygyny hemmeler hem bilýändirler.
Abyýanyň ýüzi gyzardy.
— Elbetde, dogrudyr, ýöne muny hemmelere eşitdirip gygyrmaklyk samsyklykdyr. Hirodes patyşa Ýahýany türmä taşlady. Meniň pikirimçe, Hirodes Ýahýany biraz wagtlap halkdan daşda saklamaklyk isledi, emma Hirodiýa patyşanyň doglan güni mynasybetli baýramçylyk gurnady. Patyşa üçin Hirodiýanyň gyzy tans edende, Hirodes serhoşdy we Hirodiýanyň hatda şalygyň ýarysyny soraýanda-da, ony berjekdigini aýdyp, aýalynyň islendik islegini ýerine ýetirmäge wada beripdir. Onsoň näme bolandygyny seniň özüň oýlap bilersiň. Hirodiýa Ýahýanyň kellesiniň kümüş tabakda getirilmegini soramaklygy gyzyna buýurdy.
Merýem haýallyk bilen başyny ýaýkady.
— Ýok! Ýok! Bu nädip beýle bolup bildikä?
Bu habary eşidip, Merýemiň özüni alyp barşy Abyýany howsala salan ýaly boldy. Abyýa Merýemiň ogullaryna seredip, ýöňkeme bilen olardan sorady:
— Näme üçin siziň ejeňiz bu hakda henize çenli hiç zat bilmeýär?
— Biz onuň göwnüni çökdürmek islemedik, — diýip, Ýusup aýtdy. — Isa öýde bolmadyk wagtynda Ýahýa türmä taşlanypdy.
— Öýde bolmadyk wagtynda? — diýip, Abyýa doganlaryň birinden beýlekisine bakdy. — Bu haçan bolupdy?
— Onuň Iordanda suwa çümdürileninden soň, — diýip, Ýakup jogap berdi.
Merýem ellerini dyzynyň arasynda goýup oturyp, özüni doldurýan duýgulary ele almaga synanyşýardy. Bolup geçýän wakalaryň hemmesi hakda biler ýaly ejeleri gaty gowşak diýip, onuň ogullary hasaplan bolsalar gerek. Olar ýene näme gizledilerkäler?
— Ýahýa Hudaýyň pygamberidi, — diýip, Merýem berk aýtdy.
— Käbirleri hut şeýle diýýärler, — diýip, Abyýa ynanmazlyk edip aýtdy.
Merýem başyny galdyryp, erkeklere seretdi.
— Hudaýyň pygamberi diňe dogrusyny aýdýandyr.
Ýakup ýüzüni çytdy.
— Hawa, hut şeýle hereket eden her bir pygamber öldürilipdi.
Abyýa oňa tarap öwrüldi.
— Eger hemmeleri masgaralamagyny bes etdirmese, onda seniň doganyň hem öldüriler.
Merýemiň gözleri ulaldy.
— Hudaý Isany meniň göwrämden çykaryp, bäbek çagyndan başlap, Ony Özüne boýun bolmaklygy öwretdi. Peýda bolan çagyndan başlap, Isa Hudaýa bagyşlanandy. Ol Hudaýň Özüne diýýänini edýändir.
Abyýa bilen Rahel agyzlaryny açyp, Merýeme seredip galdylar. Oňsoň Abyýa Ýakyba seretdi.
— Bu hakda meniň näme pikir edýändigimi ejeň bilmek isleýärmi?
— Ejem muňa ynanýar, — diýip, Ýakup jogap berdi-de, ejesine seretdi we başyny sallady.
— Aýal, — diýip, Abyýa gynanç bilen aýtdy, — eger sen her ýyl Iýerusalime gelip, menden sapak alan bu oglana Mesih diýip ynanýan bolsaň, onda aklyňdan azaşypsyň.
Ol ýerinden turup, edil Merýemiň haram bolşy kimin edip, ondan çete çekildi. Merýem özüniň egninde Raheliň elini tutdy.
— Merýem, Merýem, meniň söýgüli joram. Sen mähirli aýal, emma sen öz Hudaýyň Mesih edenini dograryň ýaly saýlanmaklygyňa mynasypsyň diýip, çynlakaý hasaplaýaňmy? Adamsy ýönekeý agaç ussasy bolan Nagyraly biçäre aýal?
— Biziň kakamyz Dawudyň neslinden, — diýip, namysyna deglendigi üçin Ýahuda edermenlik bilen aýtdy.
— Ysraýylda siziň kakaňyzdan hem uly hormata eýe bolan beýleki erkekler-de kändir, — diýip, Abyýa aýtdy-da, elini galdyrdy. — Garyndaşymyza biziň hiç hili ýamanlygymyz ýokdur, ol wepaly we jogapkär bolan gowy adamdy. Emma onuň Mesihiň kakasy bolary ýaly?!
— Isa onuň ogly däl, — diýip, Merýem söz goşdy.
— Ejejan! — diýip, Ýakup ony birden saklady. Merýemiň oglunyň gözleri gahardan ýaňa garalypdy. — Hakykatda näme bolandygyny bu otagdakylaryň bary bilýändir.
Merýem ýerinden böküp turdy-da, töweregindäkileriň baryna göz gezdirdi.
— Hudaý Isany gorar. Isa öldürilmez!
Ol Mesih! Ol Hudaýyň mesih edeni, wada berlen Ysraýylyň Halasgäri!
— Hudaýyň eli Onuň üstündedir.
Ýöne garyndaşlarynyň gözlerine seredip, Merýem olaryň özüne, diýmek, munuň yzysüre, Isa-da ynanmaýandyklaryna düşündi.
* * *
Merýem agyr halda Nasyra dolanyp geldi. Pesah hepdesi döwründe onuň maşgalasyndaky gatnaşyklar gaty çylşyrymly bolupdy. Heniz Onuň bilen bir belanyň bolmazyndan ozal garyndaşlary ýene we ýene Merýem bilen onuň oglullarynyň Onuň bilen gürleşmeklerini nygtaýardylar. Ýöne Abyýany Isanyň seresaplylygy däl-de, özüniň abraýynyň kän alada goýýandygyny Merýem bilýärdi.
Ýakup bilen Ýusubyň Merýemiň ýanyna gelip, Isanyň Kapernauma dolanandygyny aýdanlarynda, Merýem öz ogullarynyň gidip, Isa bilen gürleşmek isleýändiklerine geň galmady. Merýem ogullarynyň Isanyň durmuşy üçin howsalalanýandyklaryny bilýärdi. Emma Ýakup bilen Ýusup özleriniň sinagogadan kowulmaklaryndan hem kän gorkýardylar. Isanyň soňky gezekki sinagogada bolandan soň mugallym gaty gaharjaň bolupdy we Isanyň Mesihdigine ynananlaryň her biri edil agaç ussasynyň Oglunyň kowluşy ýaly, sinagogadan kowuljakdygyny açyk aýdypdy.
— Biz gideris, — diýip, Ýakup bilen Ýusup berk çözüpdiler. — Biz gidip, Isa bilen gürleşeris we şonda, ejejan, sen öz nädogrudygyňa düşünersiň.
Ýöne olar Kapernauma gelip, Petrusyň öýüniň daşynda şeýle bir uly märekäni gördüler welin, hatda gapa-da ýakynlaşyp bilmediler. Ýakup adamlary itip, olaryň arasyndan geçip barýardy.
— Bizi goýberiň! Bu Isanyň ejesidir, biz bolsa — Onuň doganlarydyrys!
Muny eşiden adamlar olara ellerini degrip, olaryň ýalkanandyklaryny gygyrýardylar. Näçe synanyşsalar-da, Ýakup bilen Ýusup gapydan içerik girip bilmediler. Duran ýerlerinden olar Isany diňläp bilýärdiler, emma Ony görüp bilmeýärdiler. Öýe girmeklik mümkin däldi.
Ýakup öňünde duran adamdan Isanyň doganlary bilen ejesiniň gelendigini we olaryň Özi bilen gürleşmek isleýändiklerini aýtmagyny haýyş etdi. Birsalymdan soň biriniň gygyrýandygyny Merýem eşitdi:
— Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gürleşjek bolup, daşarda durlar.
— Meniň ejem kim? Doganlarym kimler? — diýip, Isanyň jogap berendigini Merýem eşitdi. — Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym. Çünki kim Meniň Gökdäki Atamyň islegini berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir!
Töwerekdäkileriň özüne we ogullaryna seredip, çaltlyk bilen olardan gözlerini aýranlarynda, Merýem utanç zerarly özüniň ýaňaklarynyň gyzarandygyny duýdy.
Ýakup howsala düşüp, gaharlanypdy we ýüzi gyzarypdy. Ýusup bolsa agyrypdy, Ýahuda bilen Simun bolsa aljyraňňylyga düşen ýalydylar. Ýakup ejesine tarap egildi.
— Ejejan, indi sen görýäňmi? Indi Onuň şägirtleri bolany sebäpli, Ol Özüniň teni we gany hakda ýadyndan çykardy.
— Biz Oňa garaşarys.
— Näme üçin? — diýip, Ýusup haýran galdy. — Onuň bizi mundan hem beter kemsitmegi üçinmi?
Ýakup ejesini bilesigeliji gözlerden gorajak bolup, Merýemi gujaklady.
— Biz gidýäris, — diýip, Ýakup gahar bilen aýtdy.
— Dawalaşmagyň özüni çagalary bilen doly aýrylyşmaga getirjekdigine Merýem düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol ilki olar bilen bile gitdi, emma soň olara garşy çykdy.
— Siz şeýle bir gopbamsysyňyz! Hatda biziň peýda bolan çagymyz Isa sözüni bölüp, bize tarap ylgamalydy diýip hasaplaýarsyňyzmy?
Isanyň Hudaýyň erkini amala aşyrýandygyny Merýem ogullaryna aýtmady, çünki bu olary öňküsinden-de beter gazaba mündürerdi.
— Ony söýýändigimiz üçin biz gelipdik we indi Onuň bize bolan gatnaşygyna göz ýetirdik! — diýip Simun aýdanda, onuň gözlerinden gözýaşlar akýardy. — Biz Onuň Öz ömrüni Ýahýa ýaly gutarmagyny — kellesiniň tabakda goýulmagyny islemeýäris.
Merýem özüniň kiçi ogullaryny gujaklady-da, Ýakup bilen Ýusuba seretdi.
— Oňa garaşalyň! Garaşalyň! Diňe Ondan ýüz öwürmek üçin siz şunça ýol geçdiňizmi ahyryn?
— Biz däl-de, Ol bize arkasyny berendir, — diýip, Ýakup başyny sallady, emma Merýem onuň gözlerinde peýda bolan gözýaşlary görüp ýetişdi.
Merýem öýkäniň ýa-da gaharyň eýeliginde bolmaklygy islemedi. Ol Isany ogullaryndan gowy bilýärdi. Ol Isany emdirip, Onuň ulalyp, ýigit bolup ýetişişine syn etmändimi? Hatda şu wagt hem Kapernaumdan gidip barýan ogullarynyň yzlaryna eýerip, Merýem olary saklamaga synanyşýardy.
— Doganyňyzyň soňky gezek Nasyrada bolandaky gürrüň beren tymsalyny ýadyňyza salyň. Ol halka Gökleriň Şalygy hakda öwredipdi. Ol Hudaýyň perzentleri bolmaklygyň nämedigi hakda gürrüň beripdi. Ol biziňki ýaly oýlanýan däldir. Onuň ýollary ýönekeý adamyň ýollaryna meňzeýän däldir. Onuň ýollary — biziň ýollarymyz däldir, — diýip, Merýem öz ynamy hakda gürrüňe başlanda, oňa ynamlylyk geldi we ol köşeşdi.
— Çagalar, Isa bizi ret edýän däldir, Ol Hudaýyň isleglerini bilmeklik üçin gelýänleriň
Emma olar Merýeme gulak asmaklygy islemediler.
Merýemiň Kapernaumda galasy geldi, ýöne şeýle edäýse, onda edil Isa ýaly özlerini ejeleriniň hem ret edendigi hakynda oýlanjakdyklaryna Merýem düşünýärdi. Şeýdip, agyr ýürek bilen Merýem öýüne dolandy. Isadan daşlaşdyrýan her bir ädiminde Merýem özüni gitdigiçe ýeke duýýardy.
Bu sözler Merýemiň kellesinde ýaňlanyp, ýüreginde agyry döredýärdi. Isa Özüni Merýemiň söýýändigini bilýärdi. Isa Özüne Merýemiň ynanýandygyny-da bilýärdi. Merýemiň öz çagalaryny taşlap bilmändigine Isa düşüner.
Merýem öz çagalary bilen galyp, olary düşünmäge mejbur etmelidir.
Eger Merýem çagalaryny taşlasa, onda olar gahar edip, ýene-de özlerinden Isany beýik tutýandyr diýip, olar ejeleri hakda pikirlenmekleri mümkindir.
Kapernaumdan we Isadan näçe daş gitdikleriçe, şonça-da Oglunyň sözleri ýuwaş eşidilip, şonça-da ýüregindäki agyry güýçlenýärdi.
* * *
Merýemiň uýasy bilen onuň adamsy Nasyrany taşlamaga taýyn bolup, özleriniň garyndaşynyň ýanyna hoşlaşmak üçin geldiler.
— Bu sorag üstünde biz ençeme aýlap maslahatlaşdyk we ahyrynda bu öýi we işimizi taşlap, Seniň Ogluň yzyna eýerijiler bolmaklygy çözdük.
Merýemiň gözlerinden gözýaşlar döküldi. Ahyrynda onuň uýasy adamsy bilen ynandylar! Bu gün hiç haçan hem gelmez diýip, Merýem oýlanypdy.
— Garaş, — diýip, Merýem aýtdy-da, müneçjimleriň getiren sowgatlarynyň galyndylary saklanylýan guta tarap howlukdy. Merýem haltajyga ladan bilen altyny salyp, ol haltany uýasyna berdi. — Bu Isa üçindir.
— Sen näme üçin biziň bilen gideňok?
— Men öz çagalaryma täsir etmäge synanyşaryn.
Şondan soň tizara Merýem öz çagalary bilen Iýerusalime Pesah baýramçylygyna gitdi. Ol özüniň ynanmaýan garyndaşlarynyň ýanyndady we birden Isany Ýahýa suwa çümdüriji diýip, hasaplany üçin Hirodes patyşanyň Ony gözleýändigi baradaky gürrüňi eşitdi. Jemgyýetiň ýokary gatlarynda onuň Ogluna bolan ýigrenç güýçlenýärdi. Isa bolsa akyldarlyk bilen Jenesaret kölüniň beýleki kenaryna geçip, şol ýerde wagyz edýärdi.
Nasyra dolanyp gelip, Merýem Isanyň Jeliläni taşlap, Iordaniýanyň beýleki kenaryndaky Ýahuda ýurduna barandygy hakynda eşitdi. Onuň Sidonda we Tirde bolandygyny hem bildi. Emma näme üçin onuň Ogly özge milletleriň arasyndaka? Ysraýyl Mesihe garaşypdy ahyryn!
Gün-günden Merýem özünden Oglunyň daşlaşýandygyny, kiçi ogullarynyň bolsa, ýürekleriniň gataýandygyny duýýardy.
— Men Onuň ýanyna gitjekdirin, — diýip, Merýem aglap aýtdy. — Men Oglumy görmek isleýän!
Merýemiň öz kesir ogullaryny halas etmeklik synanyşyklarynyň bary şowna düşmändi. Olaryň ýüreklerini we niýetlerini üýtgetmäge, Isanyň Mesihdigi we diri Hudaýyň Ogludygy baradaky hakykaty olara düşündirer ýaly Merýemiň güýji ýetmeýärdi.
— Ejejan, Sen bireýýäm Onuň bilen Kapernaumda gürleşmäge synanyşypdyň, — diýip, ogullary Merýem bilen dawalaşýardylar. — Näme bolandygy seniň ýadyňda ýokmy? Onuň adyny tutup gygyrýan müňlerçe yzyna eýerijileri bar. Onuň Öz dostlary-da bardyr. Ol bütin Ýahudy ýurdunda tanymaldyr. Mundan beýläk biz Oňa gerekli däldiris.
Isanyň olary söýýändigini aýtmaklygyň peýdasy ýokdy. Olara Isanyň özleri hakda alada eden, dyzynda oturdyp, olara kitap okap beren, olar bilen gülşüp, oýnan döwürlerini ýatlatmagyň hem peýdasy ýokdy. Olara bolan Öz söýgüsini subut eder ýaly Isa näme etmelidi?
Bir ýyl geçdi, onsoň ikinjisi hem; Merýem özüne Isanyň aýdanlaryny ýerine ýetirmeli pursadyň çaltlyk bilen golaýlap gelýändigine düşünýärdi. Merýem saýlaw kabul etmelidir. Elbetde, Merýem özüniň otuz üç ýyl mundan ozal eden saýlawyny etmelidigini bilýärdi.
Ol Hudaý «hawa» diýip, munuň bahasynyň näçe durýandygyny sanamaklygyny bes etdirmelidir. Hatda öz çagalaryny taşlamaly bolaýsa-da, Merýem bu çözgüdi kabul etmelidir.
Ýedinji bap
Merýem çagalary bilen Iýerusalime Pesah baýramyna barýardy. Ýollarynda duşan adamlarynyň bary Isa hakda, Onuň täsinlikleri hakda we Onuň wagyzlary hakda gürrüň berýärdiler. Geçen ýyl Ol Iýerusalime Pesah baýramyna gelmändi — märekäni bäş çörek we iki balyk bilen doýrandan soň, Isa Özüniň şägirtleri bilen bir hepdäni çölde geçiripdi.
— Gepdir, bularyň bary gepdir, — diýip, Merýemiň ýanynda kimdir biri aýtdy.
— Men size diýýän ahyryn — bu adam Hudaýyň pygamberidir.
— Ol meniň doganym, — diýip, Simun magtanyp aýtdy.
Nätanyşlar güldüler.
— Seniň doganyň! Onda näme üçin sen Onuň ýanynda dälsiň?
Şondan soň Merýemiň ogullarydyr gyzlary şuňa meňzeş belliklerden gaça durdular, emma hemişe ýuwaşlyk bilen öz aralarynda gürrüňleşip, howsalaly görünýärdiler. Özleriniň duşan her bir adamlary Isa hakda gürrüň ederdiler we hemmeler hem Nasyralynyň şu ýyl Iýerusalime gelmegine, özleriniň Ony görmeklerine umyt edýärdiler.
Merýem gaty howsalalanypdy we eşidenleri hakda oýlanýardy. Isa garaşýan bu adamlar kimlerkä? Olar edil tüýdükde saz çalyp, Isanyň bolsa özleriniň sazynda tans etmegine garaşýan çagalara meňzeýärdiler. Olar Isanyň diňe täsinlikleri hakda gürrüň edip, Onuň tabşyryklary hakda bolsa, ýekeje-de söz aýtmaýardylar. Olar Onuň täsinliklerini — mugt çörek iýmekligi, duşmanlarynyň masgaralanyp, ýurtlaryndan kowulmaklaryny küýseýärdiler.
Onuň Ogly adamlaryň isleglerini däl-de, Hudaýyň erkini ýerine ýetirmek üçin doglupdy.
«Nädip Isa muny ýerine ýetirerkä?» — diýip, Merýem özünden soraýardy. Gyzyklanmalary rimlilerden-de kän küýseýän halkyna Ol nädip halas bolma getirip biler? Eger Isa olaryň isleglerini ýerine ýetirmese, onda olar Ony dilim-dilim ederdiler.
Merýem bedeniniň tikenekläp gidendigini duýdy. Öz doganlarynyň isleglerini ýerine ýetirmäninde, olar Isanyň üstüne topulmandylarmy? Özüniň Ogluna nätanyş adamlaryň başga hili gatnaşyk etjekdiklerine Merýem umyt edip bilerdimi?
Iýerusalimiň derwezelerine golaýlanynda, Merýem kimdir biriniň Nasyralynyň Beýtfajyda bolanyny aýdýandygyny eşitdi.
— Ýöriň, Ony garşy alalyň, — diýip, ol çagalaryna teklip etdi. — Doganyňyzy tapyp, Onuň bilen bile galarys.
— Onuň bize mätäç bolmagy mümkin, — diýip, Merýem ýaly howsalaly görünýän Ýakup aýtdy.
Maşgalanyň başy hökmünde Ýakuba hemmeler boýun boldular. Simun bilen Ýahuda Isa baradaky gürrüňlerden tolgunypdylar we Hudaýyň sözüni eşidip, Onuň taglymatyna uýmaklyk hakda däl-de, ähli adamlar ýaly olar hem Onuň döredýän täsinliklerini görmekligi küýseýärdiler.
Ýollaryny dowam etdirmezlerinden ozal olar gykylyk seslerini eşitdiler:
— Dawut Ogly baky ýaşasyn! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun, iň ýokarlarda Oňa alkyş bolsun!
Sesler gaty güýçlenip barýardy. Merýemiň ýüregi çaltlyk bilen urýardy. Iýerusalime gelýän Ogluny halkyň garşy alýandygyna düşünip, Merýem ylgap gitdi. Ine-de, indi Isanyň Mesih diýlip yglan ediljek günü-de ýetip geldi! Merýem Öz Oglunyň märekäniň arasynda gelýändigini gördi. Isanyň yzyna eýerijiler ellerindäki şahalary bulaýlap, Onuň adyny gaty ses bilen gygyryp gelýärdiler. Erkeklerdir aýallar Onuň aýak astyna özleriniň geýimlerini taşlaýardylar. Beýlekiler bolsa, agaçlaryň şahalaryny alyp, Onuň ýöreýän ýoluny bezeýärdiler.
Halkyň gaty kän bolandygy üçin Merýem bilen onuň çagalary ýakyn baryp bilmediler.
— Ine, Jeliläniň Nasyrasyndan bolan Isa pygamber, — diýip, olaryň daşyndaky adamlar aýdýardylar.
«Pygamber däl, — diýip, Merýemiň gygyrasy geldi. — Ol Hudaýyň Ogly! Mesih!»
Tolgunan Merýem çagalaryny taşlap, ýoluň boýundaky märekäniň arasyndan öňe tarap howlukdy.
— Isa! Isa!
Merýem Ondan galmajak bolup synanyşdy, emma Ol şähere girende, Merýem Ony gözden ýitirdi. Adamlaryň akymy Merýemi Isanyň yzy bilen äkidip, derwezelerden girizdi.
— Ejejan! — diýip, Ýakup gygyrdy-da, adamlaryň arasyndan geçip, ejesiniň ýanyna bardy. Merýemi gujaklap, ol ony bir çete çykardy-da, doganlarynyň yzlaryndan äkitdi. Onsoň olar ýene-de Isanyň yzyndan barýan märekä goşuldylar.
— Ol ybadathana barýar, — diýip, Merýem zordan demini alyp aýtdy. — Ol Özüni aýan etmeklik üçin barýar!
Merýemi gysyp, itekleýärdiler, ol bolsa şäheriň köçeleri bilen öňe gitmegini dowam etdirýärdi. Märeke ybadathananyň basgançaklaryna golaýlapdy we Merýem gykylyk seslerini eşidip, elleri bilen kellesini tutup, ybadathanadan ylgap barýan baý täjirleri we ruhanylary gördi. Ybadathananyň howlusyndan kepderiler parlaşyp, bütin şähere ýaýradylar. Merýem edil Isanyň sesini eşideni ýaly boldy:
— Meniň Atamyň öýüni söwda öýüne öwürmäň!
— Näme boldy? — diýip, adamlar gygyryşdylar.
— Ol pul çalyşýanlariň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi! — diýip, kimdir biri Merýemiň arkasynda gülki bilen aýtdy.
— Nasyraly gamçy bilen pul çalyşýanlary kowdy!
Ýakup agardy, Ýusup bolsa howsalalandy. Bolýanlary öz gözleri bilen görjek bolup, Simun bilen Ýahuda ýakynrak bardylar. Merýemiň gyzlary bilen olaryň ärleri gorka düşüpdiler. Bolýanlaryň baryny görjek bolup, bütin halk gyslyşyp, ybadathananyň içine girmäge synanyşýardy.
— Eger bu pitne bolsa, onda häzir bu ýere rim esgerleri gelerler, — diýip, Ýakup aýtdy. — Onda Onuň bilen näme bolar?
Emma Merýem oňa gulak asmady. Pesah hepdesi başlanypdy. Birnäçe ýyl mundan ozal bir gezek Isa Özüniň Atasynyň öýünde, ybadathanada bolmalydygyny aýdypdy. Ine-de, indi ol bu ýerde bolup, ony haramlykdan arassalaýardy.
— Indi bary gowy bolar, — diýip, Merýem aýtdy. Gözlerinden bolsa gözýaşlar akýardy. — Hudaýyň güni geldi!
* * *
Merýem bilen maşgalasynyň ybadathana girip bilenlerinde, Isa bireýýäm ol ýerden gidipdi. Hemmeler Ony gözlerýärdiler.
— Ol Beýtfaja dolanypdyr, — diýip, kimdir biri aýtdy.
Beýlekiler bolsa, Onuň Özüniň birwagtlar direlden adamynyň öýüne Beýtaniýa gidendigini aýtdy.
Gaty ýadan MerýemAbyýanyň öýüne gitdi we garyndaşlarynyň öýünde galdy. Ol gözýaşlary bilen ýuwaş oturyp, Isa hakda we Onuň indiki gezek etjek işleri hakda gaty ses bilen gürrüň edýän garyndaşlarynyň seslerine gulak asyp oturdy. «Onuň nirede bolmagy mümkin?» — diýip, Merýem öz-özünden sorady. Belki-de, Ol Özi üçin gizlin bir ýer tapandyr? Merýem Isanyň meýilnamalary hakda oýlanyp, haçan Oňa goşulyp biljekdigi hakynda pikirlendi. Gözlerini ýumup, ol pikirinde Ýusup we Isa bilen geçiren öňki baýramçylyk günlerine dolandy. Bir gezek Merýem bireýýäm öz Oglundan jyda düşüpdi.
Isanyň ýene-de ertir irden şähere geljekdigini we Ony ybadathanadan tapyp biljekdigine düşünende, Merýemiň ýüregi ýene-de rahatlandy.
* * *
Öz Ogluny azajyk bolsa-da, görerin diýen umut bilen Merýem ybadathananyň aýallar howlusynda bütin gün oturdy. Merýem dileg edip, gelip-gidýän erkeklerdir aýallaryň Isa hakda edýän gybatlaryna gulak asyp, olary synlap oturdy.
— Diňe jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary Onuň kowýandygy hakynda fariseýler aýdýarlar.
— Emma bir öýüň içinde bölünişik bolsa, ol öý berk durup bilmeýändigi hakynda Nasyraly wagyz edipdi.
Ybadathananyň sütünleriniň arasy bilen ruhanylar başlaryny dik tutup, öz aralarynda gürleşip barýardylar:
— Biz täsinlik dileýäris, Ol bolsa bize zalym we biwepa nesil diýmäge gaýrat tapýandyr!
Merýem yzyna öwrüldi-de, elini serip, özüne tarap ylgap gelýän uýasyny gördi. Olar gujaklaşyp, şatlykdan gülüşdiler.
— Meniň Oglum, — diýip, Merýem aglap sorady, — meniň Oglum nähili?
— Wah, Ol gaty täsin. Merýem, sen hökman gidip, Ony diňlemelisiň. Seniň ogullaryň we gyzlaryň bärdemi?
Şol gün irden onuň ogullary Merýemi ybadathananyň aýallar howlusynda galdyryp, özleri bolsa Isa bilen gürleşmeklik üçin Ony gözlemäge gidipdiler. Olaryň kän gürlemän, uzak wagtlap diňlemeli boljakdyklaryna Merýem diňe umyt edip bilýärdi.
— Ýör, — diýip, Merýemiň uýasy çagyrdy-da, ony bilinden tutup, aýallaryň arasyndan ýöräp başlady. — Meniň aýal doganlarym bilen seniň duşuşmagyňy isleýärin.
Uýasy ony magdalaly Merýemiň, Ýakup bilen Ýusubyň ejeleri bolan Merýemiň, şeýle-de Isanyň yzyna eýeren Jelileli beýleki aýallaryň ýanyna getirdi. Olaryň her birleri nädip Isanyň özlerini halas edendiklerini gürrüň berdiler. Magdalaly Merýem jyn-arwahlydy, beýlekiler bolsa ýa syrkaw, ýa-da kör, ýa-da bar umytlaryny ýitiren aýallardylar. Merýem olaryň şatlyklaryny paýlaşyp, olar bilen aglady.
Elbetde, hut bu aýallaryň we şägirtleriniň kabul edişi ýaly halk hem Isany kabul eder. Ybadathana Ysraýylyň umydyny görmäge we Hudaýyň Sözüni eşitmäge gelenlerden doludy. Ysraýyl günälerini boýun alar we adamlar birigip, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna ýüzlenerler.
— Kanunçylar we fariseýler, siziň dat günüňize. Ikiýüzlüler! — diýip, Isanyň gaharly sesi sebäpli Merýem dere batdy. — Gökleriň Şalygyna siziň özüňiz hem girmeýärsiňiz, girjeklere-de ýol bermeýärsiňiz.
Isany sütünleriň arasynda görenlerinde, ýygnananlaryň arasynda pyşyrdy peýda boldy. Isanyň hereketlerine we ýüzüne seredip, Onuň gaharlydygyny bilip bolýardy.
— Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
Oglunyň garşy çykyp, ýüzlenýän adamlaryndaky güýçlenip barýan gahary görende, Merýemiň ýüregi dürküldäp urup başlady. Olar gygyrdylar, emma Isa olaryň sözlerini böldi:
— Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz.
Merýem özüniň ogullaryna seretdi. Olaryň ýüzleri agaran we gorkudan doly bolup görünýärdi. Olar adamlaryň gürrüňlerinden gorkýardylar. Merýem olaryň dilegini eşidýän ýalydy:
Isanyň ikiýüzli ruhanylardyr ýaşululary ýazgarşyny diňläninde, Merýemiň ýaňaklary ýanyp barýardy. Onuň dogry aýdýandygyny hemmeler hem bilýärdiler, emma hiç kim hem bu barada açyk aýdyp bilmeýärdi. Dürküldäp urýan ýüregi bilen Merýem ybadathananyň howlusyndan çaltlyk bilen ýöräp barýan Isa seretdi. Merýemiň ýuwaş Ogly nirä sem boldy? Onuň Ogly Ýazgylaryň üstünde oýlanyp, zeýtun agajynyň aşagynda ýuwaş oturypdy; Ol Töwraty öwrenmeklige uzak günlerini sarp edip, sinagogada oturardy; Ol Hudaýa dileg etmeklik üçin Jeliläniň daglaryna giderdi. Merýemiň şeýle Ogly bilen näme bolduka? Onuň güýçli we ygtyýarly sesi Merýemi titredýärdi. Eger Ol daşlaryň aşak gaçmaklaryny buýursa, onda olaryň hökman gaçjakdyklaryny Merýem anyk bilýärdi.
— Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzliler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Eý, çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler!
Merýem hiç haçan hem Isanyň gaharlydygyny görmändi we indi bolsa, Onuň gaharyny görüp titreýärdi. Ol ruhanylaryň gözlerine göni seredip durdy. Olar ýaly Özüniň gygyrmaýandygyna seretmezden, Onuň sesi ygtyýarlylyk bilen eşidilip, ybadathananyň merkezinde ýaňlanýardy.
— Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Siz dowzah höküminden nähili gaçjak? Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz. Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň Ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz. Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir, — diýip, Isa başyny galdyryp aglady. — Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz!
— Ol ýene-de ýaşululara seredip, eli bilen eginleri ýapynjaly, gara geýim geýnen kanunçylar we fariseýleri görkezdi. — Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Çünki size aýdýaryn, siz «Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun!» diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz.
Isa yzyna öwrüldi-de, çaltlyk bilen ybadathanadan çykyp gitdi. Birsalymlap ümsümlik höküm sürdi… Onsoň bolsa nägileligiň we gaharyň güwwüldileri ybadathananyň diwarlaryny sarsdyrdy. Adamlar iteleşip, bir-birlerine gygyryşýardylar. Merýem öz ogullarynyň çaltlyk bilen gidendiklerine üns berdi. Özi bilen gürleşip duran aýallar özleriniň Mugallymynyň yzy bilen gitmeklik üçin basgançaga tarap howlukdylar.
Merýem olardan aýra düşüpdi, ony bir tarapdan beýleki tarapa iteleýärdiler. Ol çykalga baryp ýetýänçä onuň Ogly bireýýäm ol ýerden gidipdi.
* * *
Ýadaw bolan Merýem Abyýanyň öýüne gelende, ony çagalar gurşadylar.
— Men ony tapyp bilmedim. Men Beýtgaja baryp, ýene yzyma dolandym, emma Ony hiç ýerde-de tapmadym.
— Eger Ol akylly adam bolsa, onda adamlaryň gözlerine görünmän, Pesahdan soň gider, — diýip, Abyýa gazap bilen aýtdy. — Bolan wakalardan hiç bir gowulyk bolmaz. Ruhanylar bilen beýleki ýaşulular baş ruhany Kaýafanyň howlusynda ýygnanyşdylar we Isa hakda gürrüň edýärler.
— Isanyň kanunçylar bilen fariseýlere garşy çykyşyndan soň halk pitne turuzar diýip, men oýlapdym, — diýip, Ýusup aýtdy. — Hemmeler bir-birlerine gygyryp başladylar.
— Isanyň nirede bolmagy mümkin? — diýip, Merýem sorady.
— Ol Özüniň bir dostunyň ýa-da jelep aýalyň öýünde saklanan bolmagy mümkindir. Seniň Olguň öz maşgalasyndan olaryň jemgyýetini halaýana meňzeýär.
Ýakup gyzardy.
— Eger Ol bu ýere gelen bolsa, onda sen Ony kabul ederdiňmi, Abyýa?
— Indi ýok! Men öz öýümden Oňa ýer berenimden, içýana ýer berenimi gowy görýändirin. Ol Ysraýyldaky ähli fariseýleri, saddukeýleri we ruhanylary masgaralady!
— Goý, hakykat üçin Hudaý seniň gözleriňi we gulaklaryňy açsyn, — diýip, Merýem ýapynjasy bilen başyny örtüp aglady.
* * *
Merýem arkaýyn uklap bilmedi, ybadathanadaky Isa onuň düýşüne girdi. Ol gaty ses bilen gürläp, ellerini asmana galdyrypdyr, halk bolsa gahar bilen gygyrypdyr. Merýem ukudan oýananda, onuň ýüregi dürküldäp urýardy. Otagyň içi garaňkydy. Ol ýerinden turup, daşa çykdy we hakykatdan hem uzaklardan gazaply sesleriň eşidilýändigi ýa-da ýokdugy hakynda oýlandy.
Daş-töwerek ümsümlikdi.
Ýöne bir elhenç pursadyň duýgusy gitdigiçe güýçlenýärdi.
Onuň Ogly niredekä?
Elbetde, çagalary bilen bir bela bolanynda, ene muny duýýandyr.
Merýem çaltlyk bilen geýnip, öýden çykdy. Özüni Isanyň ýanyna alyp barmagy üçin Hudaýa dyngysyz dileg edip, Merýem yabadathana tarap ugrady. Ol ybadathananyň daglygyna çykyp başlanynda, onuň gapdalyndan bir adam çirkin gygyryp geçip gitdi. Merýem birden yzyna öwrüldi we ol adamy tanan ýaly boldy. Bu adam Isanyň şägirtleriniň biridi.
— Ýahuda! — diýip çagyrdy-da, Merýem onuň yzyndan ylgady. — Ýahuda! Meniň Oglum nirede?
Emma Ýahuda bireýýäm garaňkylykda gözden ýitipdi.
* * *
Merýem ybadathananyň bir uly sütüniniň ýanynda uklap ýatan adamy gördi. Isanyň nirededigini bilmeýändigi hakynda soranda, ol adam agzyny uludan açyp pallady-da, şeýle diýdi:
— Olar Ony gije Zeýtun dagyndan getirdiler.
Merýemiň ýüregi çaltlyk bilen urdy.
— Kim?
— Ruhanylaryň, beýleki ýaşulylaryň we rim esgerleriniň bary Onuň yzyndan gitdiler. Olary Ony Kaýafanyň ýanyna getirip, bütin gije Oňa garşy şaýatlyk etdiler. Ýaňy-ýakynda bolsa, Ony Pontius Pilatusyň ýanyna äkitdiler.
— Näme üçin?
— Çünki olar Ony ýigrenýärler we Ony jezalandyrmak isleýärler, — diýip, ol adam başyny galdyrdy-da, gara gözleri bilen Merýeme bakyp durdy. — Hudaýa dil ýetireniň daşlanyp öldürilmegini kanun talap edýändir, şeýle dälmi? Ýöne indi öz halkymyzdan birini öldürmeklige biziň hukugymyzyň ýokdugy sebäpli, munuň üçin rimlilerden rugsat almalydyrys.
Merýem gorky bilen ol adamdan yza çekildi. Bu adamy Merýem edil öň hem gören ýalydy. Ýöne nirede? Haçan?
Ol adam ýerinden turdy we onuň hereketleri öz gurbanyna zäherini serpikdirjek ýylanyň hereketlerini ýadyňa salýardy.
— Merýem, olar Ony öldürerler.
Merýem üşedi.
— Ýok. Ýok, olar muny etmezler. Ol Hudaýyň mesh edenidir. Ol Mesihdir.
— Ol beýik «Biribardyr» — diýip, nejis adam güldi. — Olar bolsa Ony öldürjekdirler.
— Onuň gapdalynda şägirtleri durarlar.
— Onuň şägirtleri? — diýip gülende, ol adamyň sesi bütin ybadathananyň içine ýaýrady. Ol ýene-de elhenç gülküsi bilen Merýeme seretdi. — Şägirtleriniň bary Ony taşladylar. Olar edil towşanlar kimin ylgaşyp, öz hinlerinde gizlendiler.
— Men saňa ynanmaýan, — diýip, Merýem başyny çaýkap, beýle tarapa öwrüldi. — Men saňa ynanmak islemeýärin!
— Isanyň ýeke Özi galdy. Bar we özüň göz ýetir.
Merýem ylgap gitdi we ol nejis adamyň elhenç gülküsi henizem eşidilýärdi.
* * *
Rim hökümdarlygynyň alnynda märeke ýygnandy. Iň öňde edil gara gargalar kimin bir topara üýşüşip, fariseýler durdular. Pilatus goşunbaşysy bilen gürleşip, özüniň hökümdarlyk ýerinde otyrdy. Ol sabyrsyzlyk bilen elini bulaýlady we gapylar açyldy. Öz Ogluny görende, Merýemiň ýüregi saklandy — adamlar Ony ýere süýräp gelýärdiler. Isanyň ýüzi urlup, gana boýalandy. Ol Öz halkyna seredip durdy, edil jenaýatçy ýaly elleri bolsa baglanandy. Merýem gygyryp aglap, Onuň ýanyna barjak boldy, emma ony yza iteklediler.
— Isa! — diýip, Merýem sesiniň baryndan gygyrdy.
Pilatus ýygnananlara gaty ses bilen ýüzlenip, rim adaty boýunça, baýramçylyk mynasybetli jenaýatçylaryň birine rehim edilýändigini düşündirdi.
— Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz — Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isanymy?
Hökümdaryň ýanynda duran esgerler oňa tarap egildiler-de, Barabbasyň Rimiň duşmany bolandygy üçin onuň boşadylmazlygyny teklip etdiler.
Märeke gygyrýardy:
— Barabbasy!
— Isany! — diýip, Merýem sesiniň baryndan gygyrdy.
— Barabbasy! Barabbasy! — diýip, märeke gygyryşýardy.
— Isany! Isany!
Pilatusyň ýanyna bir esger gelip, onuň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdady. Hökümdar ýüzüni çytyp, Isa seretdi.
Öňde duran ruhanylar bilen beýleki ýaşulular ýygnananlara ýüzlendiler:
— Isa — Hudaýa dil ýetiriji. Onuň diri galmaklygyna siz rugsat berermisiňiz? Siz kanunyň, Hudaýyň talabyny bilýänsiňiz ahyryn!
* * *
— Barabbasy!
Pilatus esgerini goýberip, elini galdyrdy-da, sesleriň bes edilmegini talap etdi.
— Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz?
—
Pilatus eli bilen Isa görkezdi.
— Ýöne men Barabbasy azat etsem, onda Mesih diýilýän bu Isa bilen näme etmelidirin?
— Ony haça çüýle!
— Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?
— Ony haça çüýle! Ony haça çüýle! Ony haça çüýle! — diýip, märeke aýaga galýardy.
Pilatusyň halky dargatmaklyk baradaky buýrugyna garaşyp, esgerler öz orunlaryna eýe boldular. Emma ol sesini çykarmady. Onsoň ol ýanyna hyzmatkäri çagyrdy we ol bir jamda suw getirdi. Özleriniň arassaçylyklaryna gaty üns berýän ýewreýleriň üstünden gülen ýaly edip, rim hökümdary elini ýuwdy. Şondan soň şeýle diýdi:
— Bu dogry, Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüňiz bilýärsiňiz!
Merýem töwereginde duran adamlaryň gazap bilen gygyryşlaryny eşitdi:
— Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!
— Ýok! Beýle etmäň! — diýip, Merýem möňňürip aglady. Rim esgerleriniň gödeklik bilen Isany tutup, Ony äkidenlerinde, Merýem Ogluna tarap elini uzadyp galdy.
* * *
Gahar-gazaba münen halk haça çüýlenmäni küýsäp, duran ýerinde itekleşýärdi; höküm jaýynyň gapylary açylyp, iki erkek Isany daşa çykaranda, halk şatlyk bilen gygyrdy. Merýem ýüreginiň gysylýandygyny duýdy. Isanyň kellesine tikenden edilen täç geýdirilendi we onuň aşagyndan gan akýardy. Onuň ýüzi agarypdy. Haçyň agramy astynda Ol ýere epilip, zordan aýaklaryny süýräp barýardy.
— Hudaýa dil ýetiriji! — diýip, adamlar Isanyň üstüne tüýkürýärdiler we olaryň ýüzleri ýigrençden doludy. — Hudaýa dil ýetiriji!
— Isa! — diýip gygyranda, Merýem Oglunyň kellesini galdyrandygyny gördi. Ol göni Merýemiň gözlerine seredýärdi, Onuň gözleri gaýgy bilen rehimden doludy. — Isa, — diýip aglap, Merýem halkyň arasyndan geçip, Oňa ýakynlaşmaga synanyşdy. Ol Rim esgerleri tarapyndan howlukdyrylyp, ejesiniň ýanyndan geçip gitdi. Ol büdräp ýykyldy we Özüniň ölümini görmegi küýseýän adamlaryň gülküleri astynda ýene-de aýak üstüne galmaga synanyşdy.
Esgerler Ony şäher diwarlarynyň aňyrsyna çykaryp, Golgota diýlip atlandyrylan ýere alyp bardylar. Bu ýer uly ýoluň boýunda ýerleşipdi we ýol sebäpli hem çar tarapdan gowy görünýärdi. Bu baýyr adamyň kellesiniň görnüşine meňzeşdi. Isanyň haçyny bir erkegiň üstüne ýüklediler. Haçy ýerine getirip, egninden taşlanyndan soň ol adamy çete iteklediler. Rim esgeri Isanyň egninden tutup, Ony ýere ýykdy. Beýlekisi bolsa, Onuň üstünde durup, Oňa bir zatlar içmegi hödürledi, emma Isa içmedi. Iki esger Onuň geýimlerini aýryp, bir çete okladylar. Isany haçda ýatyryp, Onuň ellerini deri kemerleri bilen berk daňdylar.
Esger garakçylaryň biriniň elini haça çüýlände, ol gaty ses bilen gygyrdy.
— Men ölmek islemeýärin! — diýip, beýlekisi gygyrdy. — Men… islemeýärin…
Ol esgere garşylyk görkezip, güýjüniň baryndan göreşýärdi.
Bütin endamy bilen sandyrap, Merýem öňe geçip barýardy. Indi adamlar höküm edilene gaty kän ýakynlaşmaga çalyşmaýardylar. Rim esgeriniň çekiji galdyryp, ony aşak goýberenini göreninde, Merýemiň ýüregi edil duzaga düşen guş kimin patyrdady. Isanyň teni epildi, Ol gygyryp, aýaklaryny uzatdy. Merýem gygyryp aglap, dyzyna çökdi. Esger Isanyň ellerini haça çüýläp, ýene üç gezek çekijini galdyrdy we her gezek Merýem özüniň Oglunyň sesinden sandyrady. Onsoň beýleki esger Hudaýyň Oglunyň aýaklaryny çüýleýänçä, öňki esger Isanyň ikinji elini hem berkitmek üçin Onuň üstünden ätledi.
Tanaplar arkaly haçy galdyrdylar. Haçyň göterilýändigini görende Merýem, huşundan gitdi. Haçy oňatja ýerleşdirenlerinden soň tanaplary aýyrdylar. Oglunyň ýüzi agyrylar zerarly tanar ýaly däldi.
Özüne gelenden soň Merýem gözüni aýyrman Isa seredýärdi. Onsoň ol ellerini berk gysdy.
Rim esgeri Isanyň haçyna merdiwany galdyrdy we ol arkaly çykyp, haçyň depesinde: «Bu ýehudylaryň patyşasy Isadyr» diýen ýazgyny goýdy. Ruhanylar şol bada garşylyk görkezip gygyryşdylar:
— Bu ýazgyny aýyr! Ol patyşa däldir! Ol ýalan pygamberdir!
— Ol Pontius Pilatusyň karary bilen goýlandyr, — diýip, rimli jogap berdi we haça golaýlap gelýän birnäçe adamlary görüp, gylyjyny ýalaňaçlady. Ol adamlar şol bada yzlaryna döndüler.
Märeke dargaşyp başlady, adamlar başlaryny aşak sallap, yzlaryna dolanýardylar. Ýöne köpleri masgaralamaklaryny dowam etdirip, haçyň ýanynda durdular.
— Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in!
— Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär, — diýip, ýene biri gülýärdi.
— Diýmek, Ol Ýahudanyň Patyşasy, şeýlemi? — diýip, ruhanylaryň biri gygyrdy. — Goý, Ol haçdan insin we biz Oňa ynanarys!
Ol ruhany ellerini biline goýup, Isa çiňerlip seredýärdi, onuň ýüzi gaty elhençdi.
Her gezek gülki seslerini eşidende, Merýem titräp gidýärdi. Onuň enelik gahary şeýle bir güýçlüdi welin, hatda ol ähli masgaralaýjylary öldürmäge-de taýyndy, emma ýeterlik güýji ýokdy. Emma Ol özüniň Ogluna seredende, gaharyň özünden aýrylandygyny duýdy.
Hatda Isa bilen haça çüýlenenleriň hem biri Isany masgaralady.
Sandyrap durşuna, Merýem Oglundan gözüni aýyrmaýardy. Haça çüýlenen garakçylar öz aralarynda dawalaşdylar. Onsoň olaryň biri haýyş bilen Isa seretdi.
— Isa, Öz Şalygyňa baranyňda, meni ýatla.
Isa oňa seretdi-de, şeýle jogap berdi:
— Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün meniň bilen jennetde bolarsyň.
Merýem ýuwaşlyk bilen aglady, gözýaşlary bolsa, ýaňaklaryndan akýardy. Özüniň Ogluna şeýle edenleriň baryna onuň gygyrasy geldi.
Esgerler Onuň geýimlerini öz aralarynda paýlaşdylar we aşak çöküp oturdylar-da, Merýemiň öz Ogly üçin dokan geýminiň üstünde bije atyşdylar.
Ýere garaňkylyk aralaşanda, adamlaryň arasynda nägilelik ýaýrady.
— Hudaýym, — diýip, Isa gaty ses bilen gygyrdy, — Hudaýym, näme üçin Sen meni terk etdiň?
Merýem ýüzüni elleri bilen ýapdy we bütin endamy sandyraýardy we onuň agzyndan hem şol sorag çykdy.
— Ol Ylýasy çagyrýar, — diýip, jezalandyrylyşa syn edip duranlaryň biri aýtdy.
Kimdir biri sirke getirdi-de, ony içirjek bolup Isa uzatdy.
— Duruň, göreliň, Ylýas Ony halas etmäge gelermi? — diýip, ýene biri gülki bilen aýtdy.
Gara bulutlar märekäniň üstünde peýda bolup, şemal turdy. Birden günüň ýüzi tutuldy.
— Merýem, — diýlen ýuwaşja we çözgütsiz bir ses eşidildi. Başyny galdyryp, Merýem Zebedeýiň kiçi olgy Ýahýanyň öz ýanynda durandygyny gördi.
— Merýem, — diýip gaýtalady-da, ol Merýemiň ýanyna gelip, ony gujaklady. Merýem kellesini onuň egnine degirdi we ol sakynýan sesi bilen şeýle diýdi:
— Gynanýan.
Merýem ony gujaklanda, Ýahýa sandyraýardy. Öz Ogluny onuň taşlandygy üçin Merýem ony höküm edip bilmeýärdi, çünki Merýemiň özi hem uzak wagtlar Isadan daşdady.
Ýahýa Mugallymyna seretdi, Onuň ýaňaklarynda gözýaşlar akyp, zordan demini alýardy.
— Eý hatyn, — diýip, Isa Merýeme seredip aýtdy, — ine, seniň ogluň.
Isa bakyşyny Ýahýa geçirdi we hatda şeýle ejirlerde-de Onuň ýüzi ýagtylandy.
— Ine, seniň ejeň.
— Isanyň Merýem baradaky aladany onuň ogul-gyzlaryna däl-de, Ýahýa tabşyrýandygyna Merýem düşündi. Ýahýa ýene-de Merýemi gujaklanda, ol özüniň ýaňaklaryny onuň kükregine degrip, ajygyp aglady.
— Ata, — diýip, Isa aýtdy we Merýem ýokarlardan geljek Hudaýyň Isany halas etjekdigine umyt edip, göklere seretdi. — Ata, olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler, — diýende, Isanyň her bir deminiň neneň agyrlaşýandygyny Merýem gördi. — Hemmesi berjaý boldy! — diýende, Isanyň göwresi göterilip, ýene-de aşak düşdi. — Eý Ata, Ruhumy Seniň eliňe berýärin, — diýip, Isa soňky gezek demini aldy.
Merýem öz gözlerine ynanyp bilmedi, ýüregi titreýärdi, agzy bolsa ýumulmandy.
— Ýok… Ýok…
Ýahýa ony öňküsinden-de berk gujaklady.
Ýer titredi we adamlar dargaşdylar. Jezalandyrylyşa ýolbaşçylyk edýän ýüzbaşy Isa seretdi.
— Hakykatdanam, bu Adam Hudaýyň Ogly eken.
— Bary gutardy, ejejan, — diýip, Ýahýa sakynyp aýtdy. — Ýör, bu ýerden gideliň.
— Ýok… Men Ony taşlajak däldirin.
— Onda men hem seniň bilen galaryn.
Esgerler gelip, ilki birinji garakçynyň, onsoň bolsa ikinjiniň hem injiklerini döwdüler. Garakçylar gygyryp, uludan demini aldylar we birsalymdan soň öldüler.
— Bu bireýýäm öli.
— Onda barlamalydyr, — diýip, esgerleriň biri naýzasyny alyp, onuň bilen Isanyň böwrüni dildi. Suw bilen gan akdy. — Hawa, Ol öli.
Esgerler haçyň direglerini aýyrdylar we haç ýere gaçdy. Olar Isanyň elleri bilen aýaklaryndan çüýleri aýranlarynda, Merýem olara ýakynlaşdy. Esgerleriň biri ýerinden turdy, elinde bolsa çekiç bardy.
— Saňa näme gerek?
— Meniň Oglum… meniň Oglum…
Erkek ýüzüni çytdy-da, beýleki haçy aýyrmaga kömekleşmek üçin gitdi.
Merýem Isanyň ýanynda ýerde oturyp, Onuň kellesini dyzyna goýdy. Ýagyş ýagyp başlady we Merýem Onuň ýüzünden damjalary süpürişdirdi. Onsoň Merýem gapdala geçip, Isanyň jesedini özüne çekdi. Merýem Ony edil çaga üwreýşi ýaly üwredi.
— Ýok, — diýip, Merýem Isanyň maňlaýyndan ogşap aýtdy. — Sen bizi günälerimizden halas edersiň diýip Hudaý aýdypdy…
Merýem mähir bilen Onuň gara saçlaryny sypalap, ýene-de ogşady. Azajyk bolsa-da, ýüreginiň urşuny eşitjek bolup, Merýem Ony berk gujaklady. Emma ýüregi urmaýardy. Öz Ogluny üwremegini bes etdirmän, Merýem Ony berk bagryna basdy we Onuň bedeninden ýylylygyň aýrylyp, gaty sowandygyny duýdy.
Şonda Merýem Oglunyň ölendigine düşündi.
Başyny galdyryp, eýläk-beýläk entäp, Merýem ajy ses bilen öz halkynyň lapykeçline gygyrdy. Mesih öli, dünýä bolsa gulçulykda galdy.
Merýemiň töwereginde görünmeýän dünýäniň ýaşaýjylary şatlanyp, tans edýärdiler, olaryň hojaýyny bolsa, dyngysyz gülýärdi.
* * *
Baýryň üstünde oturşyna, Merýem Oglunyň kellesinden tikenden edilen täji çykaryp, Ony berk gujaklady. Ýagyş onuň ýapynjasyny öl edipdi.
— Merýem, — diýip, Ýahýa mähir bilen ýüzlendi, — bu ýerde Arimatiýa şäherinden bolan Ýusup bilen Nikadimos bardyr.
— Kim? — diýip, Merýem gaýtadan sorady we özünden daşrakda duran, owadan geýimlere geýnen iki erkegi gördi. Olar baý adamlara we mejlisiň agzalaryna meňzeýärdiler. Merýem Isany olardan gorajak bolan ýaly edip, eli bilen Onuň ýüzüni ýapdy.
Ýahýa dyzyna çökdi-de, gynanç bilen Merýemiň gözlerine seretdi.
— Seniň Ogluňyň jesedini haçdan aýryp, Ony jaýlamaklyk üçin Ýusup Pilatusdan rugsat alypdyr.
Ony jaýlamaklyk üçin? Merýem Isanyň sowuk ýüzüni sypalady. Ýahýa elini onuň egnine goýdy we Merýem oňa seretdi. Ýahýanyň ýüzünde gaýgy serpikýärdi.
— Ejejan, sabat golaýlaşýandyr. Ol hökman jaýlanmalydyr.
Merýem tutuk asman bilen henizem öz ýanynda duran bir kiçijik topara seretdi. Iki garakçylaryň jesetleri bireýýäm äkidilipdi. Eger ol häzir öz Oglunyň jesedini bermese, onda ertir hiç zat edip bolmaz.
— Arimatiýaly Ýusup özüniň mazaryny teklip etdi.
Merýem Isa seretdi. Ýagyş Onuň ýüzüni ýuwup, ybadathanadaky mermer ýaly ak edipdi. Birwagtlar Onuň çaga bolup, düşeginde ýatan ýerinde Merýemiň Ony ogşaýşy ýaly, häzir hem ol Oglunyň maňlaýyndan ogşady. Onuň saçlaryndan atyr ysy gelýärdi.
— Ony alyň, — diýip, Merýem pyşyrdady-da, Oglundan elini aýyrdy.
Ýusubyň Isanyň jesedini arassa mata oramagy üçin Nikodimos Ony galdyrdy. Bolýanlara syn edip, Merýem kiriň içinde oturdy. Ýahýa ejesiniň turmaklygyna kömek edip, ony gujaklady.
— Ýör, gideliň, ejejan, — diýip, ol mähirli aýtdy. — Indi sen öz öýüňde ýaşarsyň.
— Ol mazar nirede ýerleşýändir?
— Şu ýerden daş bolmadyk bagda. Onuň gaýadadygyny Ýusup aýtdy. Ol zeýtun agaçly we çeşmeli owadan ýerde ýerleşýändir. Ol ýerde Isa rahat bolar.
Olaryň ýanlaryna birnäçe aýallar gelip, agy bilen Merýemi gujakladylar. Merýemiň özi bolsa, hiç hili duýgulary aňşyrman, doňup durdy. Olar bilen näme barada gürleşmelidigini hem bilmeýärdi. Ýahýa öýüne Merýemi äkitmek üçin onuň elinden tutanda, ol özüniň ogullaryny gördi. Olar utandyrylan halda gynanç bilen ejelerine seredýärdiler. Özleriniň Isany terk edişleri ýaly, ejeleriniň hem özlerini terk etjekdigi hakynda oýlanýandyklaryna Merýem ogullarynyň gözlerine seredende düşündi.
— Wah, — diýip, Merýem gaty ses bilen gygyrdy-da, ýene-de gözýaşlaryny döküp başlady. Ol ogullary bilen gyzlarynyň ýanlaryna baryp, olary gujaklap ogşady.
— Biziň bilen ýöriň, — diýip, Ýahýa aýtdy we Isanyň buýruşy ýaly ol Merýemiň ýanynda durdy. — Meniň öýüm şäherdedir.
* * *
Merýem bilen onuň ýoldaşlary Isanyň şägirtlerine goşuldylar. Erkekler utanýardylar we olar Merýemiň gözlerine seredip bilmediler, çünki olaryň bary öz Mugallymyny taşlapdylar. Olaryň arasynda aýallar kän däldi.
— Merýem bilen beýleki Merýem sabat gününiň gutarmagyna garaşyp, mazaryň ýanynda otyrlar, — diýip, kimdir biri aýtdy.
— Arimatiýaly Ýusup bilen Nikodimos ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny ulanyp, Isanyň jesedini kepene doladylar.
— Biz şäherden gitmeli bolarys.
— Ol mamla. Rimliler bizi gözlärler.
— Olaryň hyzmat çekip, bizi gözlemekleriniň nämä geregi bardyr? — diýip, Petrus gaýgy bilen aýtdy. — Biz hiç kim üçin hem howply däldiris. Bary tamam boldy. Isa öli, — diýip, ol ýüzüni eli bilen ýapyp aglady.
— Ýok, tamam däldir, — diýip, Merýem ýuwaşja aýtdy.
Nädip tamam däldir? Isanyň Mesihdigini we Onuň Öz halkyny halas etjekdigini Hudaý aýdypdy. Merýem Oňa ynanýardy. Nädip bu barynyň soňy bolup bilýändir?
Erkekler gynanç bilen Merýeme seredip, beýle taraplaryna öwrüldiler.
— Bu soňy däldir, — diýip, Merýem ýene-de gaýtalady.
— Ejejan, — diýip, Ýahýa mähir bilen aýtdy-da, Merýemi gujaklady.
Merýemiň ümsüm oturasy gelmedi.
— Heniz men gyzkam, Hudaýyň perişdesi gelip, Mukaddes Ruhdan göwreli boljakdygymy aýdypdy. Onsoň meniň Mukaddes Çagany dogjakdygymy aýtdy. Onuň adynyň Isa boljakdygyny aýtdy, çünki Ol Öz halkyny azat eder.
Erkekler başlaryny salladylar.
— Öz adamlaryny olaryň günälerinden halas etjekdigini Hudaý aýdypdy, — diýip, Merýem sözüni dowam etdirende, onuň gözlerinden ýene-de gözýaşlar akdy. —
Erkekler başlaryny galdyryp, oňa seretmediler. Bary tamam bolandan soň, gaýgydan aňyny ýitirip, ujypsyzja umytdan berk ýapyşýar diýip, erkekleriň hasaplaýandyklaryny Merýem bilýärdi. Emma Hudaý wada berse, onda ol hemişe-de Öz wadasyny ýerine ýetirýändir.
— Bu soňy bolup bilýän däldir, — diýende, Merýemiň sesi titredi. — Men muňa ynanmaklykdan boýun towlaýan! — Merýemiň damagy doldy. — Hudaý… wada berdi… diýip, Merýem ýüzüni eli bilen ýapdy-da, möňňürip aglamaga başlady.
Birsalymlap erkekler ümsüm boldular we onsoň ýene-de öz aralarynda gürrüňe başladylar.
— Men gaýtalaýaryn, biz Iýerusalimden gitmelidiris.
— Hawa, ýöne özümiziň gidýändigimizi görkezmän, biz nädip şäherden çykarys?
— Eger bizi görseler näme bolar? — diýip, Petrus ajygyp aýtdy.
— Indi munuň näme manysy bardyr?
Merýem ýerinden turdy. Onsoň otagyň daş burçuna gidip, kiçijik çyrany ýakdy we özüniň Ogly arkaly halas bolmanyň geljekdigini wada beren Hudaýa dileg etmeklik üçin dyzyna çökdi.
* * *
Üçünji gün irden Isanyň şägirtleri bilen olaryň ýanlaryndakylar basgançak boýunça özleriniň ýanlaryna gelýän kimdir biriniň aýak seslerini eşitdiler. Erkekler howsalalanyp, näme etjeklerini bilmän, bir-birlerine bakdylar. Gapy açylyp, magdalaly Merýem içerik girdi.
— Men Rebbi gördüm! Ol diri! — diýip, ol şatlykly ýylgyryş bilen otagyň merkezine geçdi. Onuň ýüzi söhlelenip, şatlygyndan ol hem gülýärdi, hem-de aglaýardy. Gaty tolgunýanlygy sebäpli ol bir ýerde durup bilmän, şeýle bir çalt gürleýärdi welin, hatda käbir sözlerini aýdybam ýetişmeýärdi.
— Biz hoşboý yslar bilen mazara bardyk we daşyň aýrylandygyny gördük. Içerik girenimizde bolsa, ol ýerde Isany tapmadyk.
— Aýal, — diýip, Petrus elini galdyryp, onuň sesini bes etdirmegini buýurdy.
— Içerik girip, biz ol ýerde ak geýimli iki sany adamy gördük. Biz gaty gorkduk! Olar bize: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň. Ol: “Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir” diýipdi» diýdi. Biz hem Onuň aýdanlaryny ýadymyza saldyk, — diýip, magdalaly Merýem erkeklere göz aýlady. — Siziň hem ýadyňyza düşýändir, şeýle dälmi? Şonda siz bu barada kän gürrüňleşipdiňiz, çünki şonda hiç zada düşünmändiňiz.
Merýem ýerinden böküp turdy we hakykaty aýdýan bu ýaş aýalyň sözlerinden ýaňa göge uçupdy.
— Ol direldi, — diýip, Merýem öz içinden pyşyrdady.
— Görýäňmi, sen näme etdiň, — diýip, erkekleriň biri magdalaly Merýeme aýtdy.
— Ol diri, men size diýýärin. Men Ony gördüm.
— Ony gördüň? Nädip?
— Men agladym we Isa maňa ýüzlendi. Ol menden: «Näme üçin aglaýaň?» diýip sorady. Bu Rebbimiziň jesedini äkiden adamyň sesidir öýtdüm we Ony nirede goýandygyny soradym. Şonda ol maňa: «Merýem!» diýdi. Wah, men Onuň sesini her ýerde-de tanardym. Men gözlerimi galdyrdym — meniň öňümde Onuň Özi durdy. Men Onuň geýimlerinden ýapyşdym. Men Ony goýbermek islemedim, emma Özüne meniň ýakynlaşmagymy Ol gadagan etdi, çünki heniz Hudaýymyz bolan Atasynyň ýanyna galmandyr.
— Bu aýal gaýgy sebäpli aklyndan azaşypdyr.
— Merýem, sen öz hyýallaryňda gaty uzaga gidipsiň. Eger sen Isanyň direlmegini gaty küýseýän bolsaň, onda bu Onuň diridigini aňladýan däldir.
Magdalaly Merýem aljyraňňylyk bilen erkeklere seretdi.
— Nädip siz ynanman bilýärsiňiz? Munuň amala aşjakdygyny Isa aýdypdy ahyryn!
Ýahýa gapydan ylgap çykdy, Petrus hem onuň yzyna eýerdi.
— Goý, gitsinler, — diýip, kimdir biri gaýgy bilen aýtdy.
Magdalaly Merýem Isanyň ejesiniň ýanyna baryp, oňa üns bilen seretdi.
— Bu hakykatdyr. Bir gezek Ol: «Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr» diýipdi.
Musanyň döwründe bolanlary Merýem ýadyna saldy: adamlar günä edipdiler we Hudaý olaryň üstlerine zäherli ýylanlary iberipdi. Köpleri ol ýylanlar tarapyndan öldürilipdiler. Emma adamlar öz günälerini boýun alyp, Hudaýdan halas bolmaklygy soranlarynda, Ol halas bolma iberipdi. Hudaý Musanyň edil şu zäherli ýylanlara meňzeş edip bir ýylan ýasap, ony sütüniň depesine berkitmegini buýrupdy. Her gezek ýylan çakan adam şol misden edilen ýylana seretse, ol sagalýan eken!
Magdalaly Merýem Isanyň ejesiniň elinden tutdy.
— Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berendigi hakynda Isa bize Jelile deňziniň kenarynda aýdypdy, — diýip, ýaş aýal Merýemiň elini gaty berk gysdy. — Biziň hiç birimiz hem Onuň diýýänlerine düşünmändik, — diýende, magdalalynyň bakyşy gönülenipdi. — Merýem, seniň Ogluň diri. Ol diri!
— Men saňa ynanýaryn.
Eger Merýem ýene bir gezek Ony görüp bilsedi.
* * *
Petrus bilen Ýahýa dolandylar.
— Bu dogry eken, — diýip aýdanda, Ýahýanyň gözleri tolgunma zerarly ýanýardy.
Ýahýa ynanmaklykdan boýun towlap, onuň sözlerini tassyklamagy üçin şägirtleri Petrusa seretdiler.
— Onuň jesedi ýitipdir. Olara heniz hem özleriniň ykballary üçin bolan gorky azar berýärdi we şol sebäpli hem olar näme oýlamalydyklaryny bilmediler. Olar Hudaýdan-da beter ölümden güýçli gorkýardylar. Şonuň üçin hem olar özleriniň yzlaryndan mejlisiň adam iberip, türmä taşlatjakdygyndan gorkup, gapylary gulplap oturdylar.
Tanyş sesi eşidenlerinde, olar öz aralarynda gorky bilen pyşyrdaşýardylar.
— Size parahatlyk.
Merýem başyny galdyrdy. Erkekleriň arasynda onuň Ogly durdy. Şägirtleri gorky bilen gygyryşyp, Onuň öňünde dyza çökdüler. Merýemiň ogullary başlaryny örtüp, gorky bilen Oňa seredip durdular. Merýem ýerinden turanda, gözleri gözýaşlardan doludy.
— Isa.
Merýem Ogluny gujaklajak bolup, Oňa tarap bökdi. Emma Isa oňa seredende, Merýeme hakykat açyldy. Özüniň öňünde Biribaryň Özi durdy. Hakykat gylyjy Merýemiň ýüregine uruldy we ol saklandy. Özüniň dogran Ogly özüne degişli däldi. Ol Ysraýyla hem degişli däldi.
Bir wagtlar şeýtan ynsanyň ýüregine şübhe tohumyny ekipdi we adamy Hudaýa garşy pitne turuzmaga mejbur edipdi, onsoň bolsa ol adamy ölüm gorkusyna gul edipdi.
Merýem Özüniň ilki öli bolup, indi bolsa direlen Oglunyň gözlerine seretdi.
Merýemiň ýaňaklaryndan gözýaşlar akyp barýardy. Özüni pes tutup, ol Isanyň elini alyp ogşady. Şol pursatda Ýusubyň aýaly bilen çagalaryna ýygy-ýygydan okap beren Işaýa pygamberiň sözleri Merýemiň ýadyna düşdi:
«Hudaý biziň ählimiziň ýazyklarymyzyň muzduny Onuň üstüne ýükledi».
Merýem özüniň Hudaý bilen ilkinji gezekki duýdansyz duşuşygynda duýan tolgunmasyny ýene-de duýdy. Ol Hudaýy alkyşlap, Oňa şükürler aýtdy. Merýemiň ruhy Isada, özüniň Halasgärinde şatlanýardy. Merýem bütin ömür durmuşyndaky ýagdaýlaryň baryna düşünjek bolup, ol wagtyň geljegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ine, indi Hudaý öz niýetini oňa açdy we Merýem Öz Hudaýyna uly hormat goýup durdy. Merýem agyry duýup, betbagtçylygy başyndan geçiripdi, indi bolsa ol baky durmuş wadasy bilen rahatlandyrylypdy. Ol hakykaty küýsäpdi, indi bolsa ol höküm etjegiň Özüni görýärdi.
Merýem Isanyň öňünde dyzyna çökdi-de, iki epilip, Oňa tagzym etdi.
— Meniň Rebbim, — diýip, Merýem hormat bilen aýtdy. — Meniň Rebbim we Hudaýym.
Sekizinji bap
Merýem özüniň Isany gören gününden soňky bolan wakalar hakynda oýlanyp, öz düşeginde ýatyrdy. Onuň düşeginiň ýanynda Ýahýa oturyp, dileg edýärdi. Efisiň çetindäki özüniň Ýahýa bilen ýaşaýan kiçijik öýüniň gapysynyň agzynda adamlar ýygnanyşypdylar. Merýem olaryň agylary sebäpli howsalalanypdy.
— Ýahýa?
Ol ýerinden turup, Merýemiň ýanyna bardy-da, onuň elinden tutdy.
— Hawa, ejejan.
— Näme üçin olar aglaýarlar?
— Çünki olar seniň bizi tizara taşlajakdygyňy bilýärler.
Merýem uludan demini aldy.
— Olar meni gaty beýik tutýarlar.
— Çünki sen biziň Rebbimiziň ejesisiň.
— Haça çüýlenmeden soňky kyrk gün seniň ýadyňdamy? Isa meni beýlekilerden beýik tutmady. Ol Özüniň yzyna eýerijileriň arasyndan meni tapawutlandyrmady. Bu hakda olara aýt.
— Men bireýýäm diýdim.
— Ýahýa, olara ýene bir gezek aýt. Onuň Hudaýyň Şalygy barada aýdanlarynda, biziň hemmämiz hem Onuň bilen bolup, bilelikde çörek iýipdik. Men hyzmat edip, Onuň käsesine suw guýupdym, — diýip, Merýem birden pikirleriniň ugruny üýtgetdi. — Hawa, Onuň ýylgyrşyny meniň ýadymda. Ýahýa, Onuň ýylgyrşy seniň ýadyňdamy?
Ýahýanyň gözleri gözýaşlardan doldy.
— Hawa, ejejan.
— Zeýtun dagynda durup, Onuň göklere galşyna seredip duranymyzda, ýüregim gaýgydan saklanar diýip oýlapdym. Birsalymlap men Ony gözümden ýitirdim we onsoň ýene-de Onuň bulutlaryň arasyndan daşlaşyp barşyny gördüm. Şonda men ýene Ony görýänçäm näçe ýyl geçerkä diýip, öz içimden oýlanypdym. Men ýene bir gezek Ony görmekligi şeýle bir küýsäpdim.
— Biziň hemmämiz hem muny isläpdik.
— Hawa, biz göklere seredip, Ol ýene gaýdyp geler diýip, garaşyp durduk.
— Tä pesişdeler gelýänça, — diýip, Ýahýa Merýemiň ýatlamalaryna goşulyp, gözlerini ýumdy. — Olar bize şeýle diýipdiler: «Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly, gaýdyp hem geler!»
Merýem uludan demini aldy. Isanyň şägirtleri Iýerusalime dolananlarynda, Merýem hem olara goşulypdy. Özi bilen ogullary hem Isanyň şägirtleri bilen bile galdylar. Olar dileg etmek üçin ýygnanyşyp, hemişe garaşýardylar, garaşýardylar… Merýem heniz hem garaşýardy. Ol Ýahýa bilen günde dileg edip, Isanyň dolanyp gelip, özlerini ynam gurallary etmegine garaşýardylar. Her gün irden Merýem turup, belki-de şu gün şol beýik gündir diýip, duşuşyga taýyn bolmaklyk hakynda oýlanýardy. Emma Isanyň Merýemiň islän wagtynda däl-de, Hudaýyň kesgitlän wagtynda geljekdigini ol bilýärdi.
Ýöne Isa hemişe-de olar bilen biledi.
Isanyň direleniniň ellinji güni Oňa ynanýanlaryň bary bir ýerde ýygnanyşypdylar we Hudaý olaryň üstlerine Mukaddes Ruhy inderipdi. Merýem bu güni edil düýn ýaly ýadynda saklaýardy, çünki Mukaddes Ruh onuň özünde we her bir ynanýanda ýaşaýardy. Şägirtleriň ählisiniň Iýerusalime gidip, Isa hakda hoş habary aýtmaga giden günlerindäkisi ýaly, şu wagt hem Merýemiň ýüregi halas bolmanyň şatlygyndan doldy.
Soňra bolsa yzarlamalar başlanypdy.
— Olaryň bary öldürildiler, şeýle dälmi, Ýahýa? — diýip, Isa baradaky hoş habary ýaýradýanlary şeýtanyň gyrmaga synanyşanyndaky ölenleri ýatlanda, Merýemiň gözlerinde gözýaşlar peýda boldy. Ölenleriň baryny Merýem anyk bilýärdi. Ejir çekenleriň ilkinjisi ýaş Stefanusdy, ony Damaskyň derwezeleriniň alnynda daşlap öldüripdiler. Onuň yzy bilen beýlekiler hem öldürildiler.
Resullar Hudaýyň sözüni ýaýradyp, edil tohum kimin bütin dünýä ýaýrapdylar. Olaryň eken tohumlary ösüpdi, çünki indi ynanýanlar Siriýada-da, Makedoniýada-da, Ýunanstanda-da, Rimde-de bardylar.
Ýyllaryň geçmegi bilen Merýem resullaryň nädip öldürilendikleri hakynda eşitdi. Käbirlerini gamçylap, olaryň üstlerinden gülüpdiler. Beýlekileri zyndanlara taşlanypdylar. Olary byçgylap, gylyç bilen öldüripdiler. Petrus bolsa, Rimde başaşak edilip, haça çüýlenilipdi. Pawlusyň bolsa, kellesi alnypdy. Emma olaryň hiç birleri-de öz ynamlaryny ret etmändiler.
Öldürilenleriň arasynda Merýemiň ogullary-da bardy.
Merýem olaryň ogullary hakynda eşidende, näme üçin özi baradaky aladany Isanyň Ýahýa tabşyrandygyna düşündi. Näme boljakdygyny Isa bilýärdi we haçda ölüp baranynda, Merýem hakda oýlandy. Hatda şu wagt hem Isanyň haçdaky ölümi barada oýlananda, Merýemiň ýüreginde ýiti agyry peýda boldy. Hakykatdan-da, Isa öz janyny beýlekiler üçin berdi.
Yzarlanma döwründe Ýahýa Merýemi Efese getiripdi we şondan bäri ol bu şeýtanyň şäheriniň çetinde ýaşaýardy. Merýem bu şäheriň ýaşaýjylaryna Artemis ybadathanasynyň penasynda kimiň ýaşaýandygy we Isanyň bolsa, adamlary halas etmekligi üçin janyny pida edengini gürrüň berýärdi. Soňabaka efeslilere hakykat ýoluny öwretmeklik üçin Pawlus gelipdi. Birnäçe wagtdan soň ol syýahatyny dowam etdiripdi, emma efesliler hakynda ýadyndan çykarman, olara hat ýazypdy. Onuň hatlaryny henizem ýygnaklarda okaýardylar.
Seýtan adamlaryň aňlaryny küteldip, öňküsi ýaly hakykata garşy göreşini dowam etdirýärdi. Soňabaka-da bu şeýle hem bolar. Her gün adamyň öňünde şol bir saýlaw, şol bir soraglar durýandyr
Garaşmaklyk iň agyr zatdy. Merýem hemişe-de sabyrsyzdy. Emma indi ol ulalypdy. Indi ol arkaýyn garaşyp bilerdi. Her gün ol ynamda ösýärdi. Her gün hem şol bir soraga jogap bermelidi: «Bahasynyň näçe durýandygyna seretmezden, sen gulak asyjy bolarsyňmy?»
— Şu gün men «hawa» diýýän.
— Ejejan?
— Şu gün men «hawa» diýýän. Düýn hem, şu gün hem, ertir hem we ömrümiň ahyryna çenli.
Ýahýa onuň elini gysdy.
— Her gün täze-täze kynçylyklary getirýändir.
— Hudaý bolsa, olary ýeňmeklige bize güýç berýändir.
Näme üçin Hudaý ony, ýönekeý gyzy saýladyka? Ol özüne görkezilen hormaty ýatlap, henize çenli titreýärdi. Garaňkylykda dünýä inen Isa dünýäniň yşygy boldy. Durmuş çöregi bolan Ol açlygy başyndan geçirdi. Diri suw bolan Ol suwsapdy. Ol otuz kümüş teňňä satylyp, hemmeler tarapyndan terk edilipdi we haça çüýlenilipdi. Indi bolsa, Ol Özüne ynananlaryň Töwellaçysy hökmünde, Hudaýyň tagtynyň alnynda dur.
Merýem Isanyň dileg edenini ýadynda saklapdy. Ol dyngysyz dileg edýärdi. Indi bolsa, Ol Merýemiň we Özüniň adyny tutýanlaryň barynyň dileglerini diňleýändir. Günä bilen hapalanman, Ol bütin adamzadyň günäleri üçin Öz janyny pida etdi. Hatda Merýem üçin hem. Ölümi ýeňip, Ol ölülerden direldi.
Ogly rim basybalyjylaryny ýurtdan kowup çykarar diýip Merýem oýlapdy. Ol patyşa kimin hökümdarlyk eder diýip hem oýlapdy. Merýemiň arzuwlary neneň ujypsyzjady! Hudaýyň niýeti neneň beýikdi! Ol adamlaryň ähli umytlaryndan öte durdy.
Merýem güýjüniň aýrylýandygyny duýdy.
— Tizara men Seniň ýanyňda bolaryn.
Ýahýa oňa egildi.
— Ejejan, men ýatlaryn, emma seniň Rebbimiz Isa bilendigiňi bilip şatlanaryn.
Merýem ýene-de gapylardan gelýän agy seslerini eşitdi. Gaty tolgunan halynda Merýem Ýahýanyň gözlerine seretdi.
— Ýene adamlar geldilermi?
Ol başyny yrady.
Bu ýyllar köp adamlar onuň geýimlerine ellerini degirmek üçin geldiler. Olar eger Merýem Isanyň ejesi bolýan bolsa, onda Onuň güýjüne eýedir diýip oýlaýardylar. Hatda käbirleri oňa tagzym edip, özleri üçin dileg etmegini-de soraýardylar. Çünki olar Merýemi mynasyp diýip hasaplaýardylar. Merýemiň olardan artyk ýeri ýokdy. Näme üçin olar muňa düşünmeýärkäler? Olar Hoş Habaryň wagyzlaryny eşitmedilermi näme?
Merýem özüne tagzym etmek üçin gelenleri hemişe berk, emma söýgi bilen öwredýärdi.
— Kömek üçin siziň
Merýem gaýgy bilen ýylgyrdy.
— Belki-de, ähli ölümli adamlaryň bu dünýäden ötüşleri ýaly, men hem ötenimde, diňe şonda meniň olardan artyk ýerimiň ýokdugyna düşünerler, — diýende, Merýem janynyň teninden çykyp barýandygyny duýdy. — Ýahýa, men ölenimden soň mazarymy hiç kimiň bilmezleri ýaly et. Menden tagzym edilýän mukaddesligi etmeklerine ýol berme. Diňe Hudaýyň rehimi we
Hawa, ejejan, — diýip, Ýahýa jogap berdi. Ol mähir bilen Merýemiň elini sypalady. — Men adamlara hakykaty açaryn. Isa — Sözdür we başda Söz bardy. Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa, ynsanlaryň nurudy. Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
— Hawa, oglum. Isanyň öwredenlerini ýerine ýetirmelidiklerini olara aýt.
Bellikniň
1
Rahaw — käbir kitaplarda «Rahap» diýilmegi hem mümkindir.
2
Terafim (gadymy iwritde bu söz köplük sanda) — adam sypatandaky «öýhudaýjyklary». Gadymy tekstlere görä, kimde terafim bolsa, onda bu adama maşgalada ýolbaşçylykly dereje berip, mirasdar bolmaklyga mümkinçilik berýän eken.
3
Rahaw — käbir kitaplarda «Rahap» diýilmegi hem mümkindir.
4
Şofár — ýewreýleriň däp boýunça ulanýan saz guraly. —
5
Nagomy — «ýakymly»
6
Mara — «ajy»
7
Prozelit — täze ynamy kabul eden adam. —
8
Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy. —
9
Ýogap Rabbatyň suw bilen üpjün ediji gurnamasyny eýeläpdir. Ol Dawuda duýdurmak üçin adam iberipdir, ýagny eger ol özi patyşasyz Rabbaty basyp alsa, onda şähere «onuň ady dakylar» (ser. 2 Şa. 12:26–29).
10
Abşalom özüni Dawut bilen ýaraşdyrmagy Ýogapdan iki gezek sorapdy. Emma Ýogap Abşalomyň bu dileglerini ýerine ýetirmedi. Şondan soň Abşalom oňa tälim bermekligi makul bildi (ser. 2 Şa. 14:29–33) —
11
Mesh etmeklik — kellesine ýag çalyp, patyşalyga bellemeklik. —
12
Gurbanlyk sypasynyň çykyp duran burçlary — bu çykyp duran burçlar Hudaýyň ygtyýaryny we güýjüni aňladýardylar. Ysraýyllylarda şeýle kanun bardy: gurbanlyk sypasynyň çykyp duran burçlaryndan ýapyşan adama Hudaýyň goragy berilýärdi.
13
Işaýa 11:1–4.
14
Şma — ýewreý dileginiň gysga ady. «Gulak as, Ysraýyl: Biziň Rebbimiz Hudaý ýeke-täk Hudaýdyr…» —