Joş we Dotti Makdauell MUKADDES KITAPDAN SAPAK BERIJI TARYHLAR: SORAGLY WE ÝUMUŞLY REŇKLEMEK MAZMUNY Ilkinji bag Ýüzýän haýwanat bagy «Ony beýigräk edip guruň!» Öýüňi terk edip Ýeri paýlaşmak Saranyň çagasy Merjimek çorbasy Tüýli eller Doganlar Gurruk guýuda Uzak garaşma «Men Ýusup!» Ýüzýän sebet «Meni bir iberme!» «Ýok!» Pesah Deňziň içinde gury ýeriň üsti bilen Hudaýyň gowy tabşyryklary Мusa ýitdi! «Surnaýlary çalyň!» Bİle gİtmek «Saňa ýalbarýaryn, maňa ogul ber!» Äpet esger Ömürlik dostlar Hatda patyşalaram ýalňyşýarlar Ähli sowgatlaryň iň gowusy Bir goşawuç un Bir günde ýedi gezek ýuwunma Кim ýolbarsdan gorkýar? Kitiň içindäki syýahat Hudaýyň täsin maksady Merýemiň we Isanyň aladasyny etmek «Gorkmaň!» Täze ýyldyz «Torlaryňyzy goýuň» Guýynyň başynda Uzakda durup şypa beriş Kömek beriji el «Men birinji!» Isa çagalary söýýär Кim kömek eder? Öýden uzakda Hemme ýerden gözlemek «Saňa minnetdar, Isa!» Guşlary görmek «Meniň ýanymda otur!» Agajyň üstünde Isa üçin sowgat Iýerusalime Diňe iki teňňejik Кim hyzmatkär? «Oýanyň!» Oduň başynda «Оl Hudaýyň Ogly!» Daňdan irden «Men görmeli!» «Meniň goýunlarymy bak» Her kim düşünip biler! Damaska barýan ýolda Şatlykly kabul ediş Zyndanda Hudaýy şöhratlandyrmak Hemmelere öwrediň Käbir ýumuşlaryň jogaplary Biziň iňňän söýýän, guwanýan we buýsanýan çokundyryjymyz Kaya bagyşlanýar. Joş we Dotti Makdauell ILKINJI BAG Gelip çykyş 2:4–3:23; 5:4–5 Adam bilen How Hudaýyň buýrugyny ýerine ýetirdilermi? Ýa-da olar Hudaýa gulak asmadylarmy? Hudaý — beýik daglary, şahalary ýaýrap duran daragtlary, hatda tagaşyksyz begemotlary bolan — ajaýyp dünýäni ýaratdy. Şeýle hem, Hudaý Öz ýaradan zatlaryndan lezzet almaklary we onuň aladasyny etmekleri üçin adamlary-da ýaratdy. Hudaý ýaradan adamlaryny Adam hem How diýip atlandyrdy. Hudaýyň ýaradan dünýäsi olara diýseň ýarady. Içinde — gök noýba, armyt, üzüm bolan — peýdaly hem süýji miweleri bolan bag olara ýarady, olar şol miwelerden iýip doýýardylar. Ýöne Adam bilen How bagda Hudaý bilen bile bolmagy hemme zatdan-da gowy görýärdiler. Ol adamlary gaty gowy görýärdi. Dogrudanam, Hudaý olary şeýle gowy görýärdi, şonuň üçin Ol olara Hudaýa tabyn bolup ýaşamaga kömek etmek isleýärdi. Hudaý Adam bilen Howa özleriniň meşgullanyp biläýjek ajaýyp işleriniň köpüsi hakda gürrüň berdi. Soň Ol hiç haçan etmeli däl bolan ýeke-täk zadyň bardygyny duýdurdy. Hudaý olara bagyň içinde ösüp oturan bir agajy görkezdi-de: «Şu agajyň miwesinden iýmäň. Eger siz ondan iýseňiz, onda ölersiňiz» — diýdi. Erem bagynda Hudaýyň ýaradan mahluklarynyň iň mekiri kimdi? Hudaý adamlara nähili tabşyryk berdi? Hudaý Özüne Adam bilen Howuň gulak asmaklaryny isleýärdi we olary howpdan goramak isleýärdi. Şonda olar bu ajaýyp bagda ebedi ýaşardylar. Ýylan hem Hudaýyň ýaradan bu bagynda ýaşaýardy. Hudaýyň ýaradan mahluklarynyň iň mekiri hem nejisi şoldy. Ýylan Hudaýy halamaýardy, Onuň ýaradan dünýäsini-de gowy görmeýärdi we bagda ýaşaýan adamlary-da halamaýardy. Şeýdip, günleriň birinde ýylan How bilen gürrüňe başlaýar-da ondan: — Näme üçin Adam ikiňiz bagyň ortasynda ösüp oturan agajyň miwesinden iýmeýärsiňiz? — diýip sorady. — Hudaý bize onuň miwesini iýmegi gadagan etdi. Eger biz Onuň gadagan eden zadyny etsek, onda ölýäris — diýip, How oňa jogap berdi. Şol wagt ýylan şeýle diýýär: — Eger siz ol agajyň miwesinden iýseňiz ölmeýärsiňiz. Gaýtam, ony iýeniňizden soň siz hemme zady bilýärsiňiz-de, Hudaýyň Özi ýaly bolýarsyňyz. How gadagan edilen miweleriň birine ünsli seredende, onuň nähili gowudygyny gördi we onuň tagamynyň nähilidigini bilmek isledi. Şeýlelikde, How wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň buýrugyny ýerine ýetirip, gadagan edilen miwäni iýmänem bilýärdi ýa-da Hudaýa gulak asman, daşyndan şeýle tagamly görünýän miwäni iýip hem bilýärdi. Bagdan kowlanlaryndan soň, Adam bilen Howa näme boldy? How öz islegine eýerip, miwäniň birnäçesini ýolup aldy-da iýdi. Ol olardan Adama-da berdi, Adam hem olary iýdi. Adam bilen How Hudaýyň diýenini etmediler, şonuň üçin olar bagdan gitmeli boldular we agyr hem köp zähmet çekmeli boldular. Olar şondan soň hiç haçan bu ajaýyp baga gaýdyp baryp bilmediler. Ýyllar geçdi. Adam bilen How garradylar we ahyrsoňunda öldüler. Hudaý Adam bilen Howy mydama gowy gördi, ýöne nädogry saýlaw etmek we Onuň tabşyrygyny ýerine ýetirmezlik bilen Ony örän gynandyrdylar. Biz Hudaýa gulak asmagy saýlasak, Ol bizi goraýar we durmuşymyzy bagtly eder! Doga edeliň Rebbim, bize dogry saýlaw etmäge — Saňa tabyn bolmaga — kömek edýäniň üçin Saňa minnetdardyrys. Bizi her dürli betbagtçylyklardan goraýan gowy buýruklaryň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen nähili pikir edýärsiň, Hudaýa gulak asyjy bolmak nämäni aňladýar? Sen ene-atanyň ýola goýan düzgünlerini berjaý edýärsiňmi? Seniň maşgalaňda nähili düzgünler bar? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylman goýlupdyr. Olary ýaz. «Reb Hudaý ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: _________________ daragty hem-de _______________________ daragty bardy». Gelip çykyş 2:9 3. Suratda Hudaýyň ýaradan ilkinji zenanynyň adyny düzýän harplary tap. ÝÜZÝÄN HAÝWANAT BAGY Gelip çykyş 6:9–9:17 Nuh Hudaýa gulak asyp, gämi ýasadymy? Ýa-da ol töweregindäki adamlar ýaly hereket etmekçi boldumy? Hudaýyň ýaradan ýerinde dürli adamlar ýaşadylar. Olaryň köpüsi biri-birine gaty erbet gatnaşykda boldular we olar Hudaýa gulak asmadylar. Bu bolsa, Ýaradany örän gynandyrdy. Ýöne ýerde Nuh atly bir halal adam ýaşaýardy. Ol we onuň maşgalasy Hudaýy gowy görýärdiler we Onuň göwnünden turmaga çalyşýardylar. Olar özleriniň bagyny suwarýardylar we öý haýwanlaryny bakýardylar. Olar bir-birlerini gowy görýärdiler we başga adamlaryň hemmesine ýagşylyk edýärdiler. Hudaý Nuhdan we onuň maşgalasyndan razydy. Bir gün Hudaý Nuha bir gämi ýasamagy buýurdy. Hudaý gäminiň ullakan hem berk bolmalydygyny aýtdy. Bu üýtgeşik gäminiň içine suw girmez ýaly, onuň jaýryklarynyň hemmesini ymykly ýapyşdyrmak gerekdi. Nuh öýüne seredende, onuň töwereginde birnäçe zeýtun agajy bilen ymgyr çöli gördi. Ýöne ol äpet gämi ýüzüp biler ýaly suw görmedi. Şonda Hudaý Nuha Öz maksadyny gürrüň berdi: ol ýere ýagyş ýagdyrýar. Şol ýagyş bütin ýer ýüzüni örtýänçä ýagar durar, ýagar durar. Diňe Nuh bilen onuň maşgalasy bu gämide doly howpsuzlykda bolar. Näme üçin Hudaý diňe Nuha we onuň maşgalasyna ýagşylyk etdi? Нudaýyň onuň maşgalasynyň aladasyny etjekdigi hakdaky wadasy Nuhy begendirdi. Ol onçakly uly bolmadyk gämi gurmaly bolsa gerek. Ýöne Nuh munuň ýaly pikir etmäge ýetişmänkä, Hudaý oňa gäminiň içine haýwanlaryň her görnüşinden bir jübütden almagy buýruk berdi. Diýmek, ullakan, äpet gämi gurmak gerek! Nuh asmana seretdi, emma ýekeje-de bulut görmedi. Ol gämini gurup başlanda, elbetde, halk onuň üstünden güler. Şeýlelikde, Nuh wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa: «Bolýar, men gämi guraryn. Hatda ýere ýekeje damja ýagyş dammasa-da, asmanda ýekeje bulut peýda bolmasa-da, men şol gämini guraryn» — diýip bilýärdi. Ýa-da Nuh Hudaýa: «Ýok, men gämi gurjak däl. Goňşularym üstümden gülerler» — diýip, ondan boýun towlabam bilerdi. Nuh näme etdi? Ol tagtalary taýýarlap, eline gurallaryny aldy we gämi gurup başlady. Ol şol üýtgeşik gämini Hudaýyň isleýşi ýaly, juda ullakan etdi. Gäminiň içi gury bolar ýaly, ol ähli deşikleri ymykly ýapyşdyrdy. Soň Nuh haýwanlaryň her görnüşinden bir jübütden aldy. Gämä uzyn boýunly žiraflar we gysgajyk tikenli kirpiler girdi. Çalasyn maýmynlar bilen ýyndam atlar girdi. Soňunda tagaşyksyz pyşdyllar girdi. Nuhuň maşgalasy gämä girenden soň, Hudaý olaryň yzyndan gäminiň gapylaryny ýapdy. Şonda Nuh kiçijik äpişgeden seredende, ýagşyň ýagyp başlanyny gördi. Ýagyş kyrk gije-gündiz ýagdy. Hudaýyň aýdyşy ýaly, suw bütin ýeriň ýüzüni örtdi. Emma gäminiň içi gurudy we adamlar hem haýwanlar onuň içinde doly howpsuzlykdadylar. Hudaý indi hiç haçan dünýäni suwa basdyrmajakdygynyň alamaty hökmünde asmana näme çykardy? Ahyrsoňy ýagyş diňdi-de, Gün göründi. Ýer gurandan soň, gäminiň ýaşaýjylarynyň hemmesiniň daşary çykmagyna hiç hili howp päsgel bermedi. Nuh öz janyny we maşgalasyny aman saklany üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Hudaý bolsa, indi ýeri hiç haçan suwa basdyrmajakdygyna söz berip, asmana älemgoşar çykardy. Hudaý Nuhy mydama gowy görýärdi we bu adamyň dogry saýlaw edeni üçin, ondan örän razydy. Hudaýa gulak asmagyň biziň töweregimizdäkileriň edýän zatlaryny etmekden boýun towlamagymyzy aňladyp hem biler. Doga edeliň Rebbim, başgalar başgaça hereket edenlerinde-de, Saňa tabyn bolup, dogry saýlaw edip bilýändigimiz nähili gowy zat. Islendik erbet howada hem, bizi goraýanyň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň janyňa hiç hili howp abanmaz ýaly, aýazda üşemezligiň we ýagyşda ezilmezligiň üçin ene-ataň aladaňy edýär. Sen mydama ene-ataňa gulak asýarsyňmy we olaryň diýenini edýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylman goýlupdyr. Olary ýaz. «Reb Nuha şeýle diýdi: Ähli ______________________ bilen ___________mün, çünki Men seniň döwürdeşleriň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm» Gelip çykyş 7:1 3. 40 bilen 20 ni goş, soň şol sanyň yzyna 0 ýaz, şonda sen suw basmasy bolanda Nuhuň näçe ýaşynda bolandygyny bilersiň. «ONY BEÝIGRÄK EDIP GURUŇ!» Gelip çykyş 11:1–9 Adamlar hemme zada Hudaýyň erk edýändigine akyl ýetirýärdilermi? Ýa-da olar Hudaý bilen deň bolmaga çalyşdylarmy? Bir gezek, gadym zamanlarda, sansyz-sajaksyz kerpiç ýasamak üçin gaty köp gurluşykçy ýygnanýar. Olar ertirine-de, gündizine-de, agşamam, hatda, gije-de kerpiç ýasadylar. Adamlar şonça mukdarda kerpiç ýasap bildiler, sebäbi olar biri-birine düşünýärdiler. Olar şol bir zady birmeňzeş atlandyrýardylar. Palçyk gerek bolan gurluşykçy «palçyk» sözüni ulanýardy. Şonda onuň näme soraýanyna islendik adam düşünýärdi. Suw gerek bolan adam «suw» diýýärdi. Soň gürrüňiň suw hakda barýanyna islendik adam düşünýärdi. Saman gerek bolan adam diňe «saman» diýende, oňa saman gerekdigine islendik adam düşünýärdi, şeýdip, oňa saman getirip berýärdiler. Näme sebäpden bu adamlar gije-gündiz kerpiç ýasaýardykalar? Sebäbi olar örän ullakan bir zat gurmagy ýüreklerine düwüpdiler. Olar şäher gurup, onuň içinde berk hem göge ýetip duran minara gurma kararyna geldiler. Bu gurluşyk gutaranynda, olar şol minaradan asmana çykyp bileris diýip pikir edýärdiler. Şonda olar, edil Hudaý ýaly, güýçli bolarys öýdýärdiler. Emma Hudaý gurluşykçylardan nägiledi. Munuň ýaly kuwwatlylyga dogry ygtyýar etmäge adamlara akyldarlygyň ýetmezçilik edýänini Ol bilýärdi. Adamlar köp ýalňyşlyk goýbererler we biri-birine köp betbagtçylyklar getirerler. Şeýlelikde, gurluşykçylar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar minaranyň gurluşygyny dowam edip, Hudaý bilen deň bolmaga çalyşmagy dowam etdirerlermi? Ýa-da olar gurluşygy bes edip, hemme zada Hudaýyň erk edýänini ýada salarlarmy? Adamlar minarany has beýik edip gurmagy dowam etdirdiler. Adamlar minarany näme üçin gurdular? Hudaý minaranyň gurluşygyny nädip saklady? Olaryň işleri Hudaýy begendirmedi. Şonuň üçin Hudaý gurluşykçylar dürli dillerde gürläp başlar ýaly etdi. Indi olaryň biri palçyk sorasa, beýlekisi oňa saman getirip berdi ýa-da suw getirdi. Adamlar biri-birine düşünmegi bes etdiler, şeýdip, olar indi kerpiç ýasap bilmediler. Göge ýetip duran minara gurlan şähere Babyl diýip at berildi, sebäbi onda diller garyşypdy. Şondan bäri adamlar bir dilde gürlemeýärler. Adamlar Babyldan nirä gitdiler? Adamlar Babyldan gidip, başga şäherleriň gurluşygyna başladylar. Şäherleriň her birinde adamlar öz dillerinde gürleýärdiler. Tizara Babyl doly boşap galdy. Babyl minarasy hem, döwlen kerpiçleriň üýşmegine öwrüldi. Hudaý Babylda ýaşaýan adamlary gowy görýärdi. Ol olaryň şeýle saýlaw edip, Hudaý bilen deň bolup bileris diýen karara gelenine gynandy. Hudaý hemme zada ygtyýar edýär we biziň üçin nämäniň has gowy boljagyny bilýär! Doga edeliň Rebbim, bize dogry saýlaw etmäge we öz durmuşymyzy dolandyrmaga mydama Saňa rugsat etmäge kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň maşgalaňda kim baş bolup durýar? Mekdepde kim? Özümizden uly hem pähimli adamlara gulak asmasak näme bolýar? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly geliň, bir ____________ we depesi ___________ ýetip duran ______________ guralyň» diýişdiler. Gelip çykyş 11:4 3. Suratda Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň bütin ýer ýüzüniň dillerini garyşdyran şäheriniň adyny tap. ÖÝÜŇI TERK EDIP Gelip çykyş 12:1–8; 13:2 Ybraýym Hudaýyň uzak ýurda ýola düşme buýrugyny ýerine ýetirdimi? Ýa-da ol öňki ýerinde galma kararyna geldimi? Ybraýym öz aýaly Sara bilen çadyrda ýaşaýardy. Olar çadyryň ýanynda ojakda nahar bişirýärdiler we saýaly agajyň aşagynda dynç alýardylar. Ybraýymyň goýunlary we geçileri örüde otlaýardy. Onuň düýeleri çeşmeden suw içýärdi. Ybraýym özüne öý bolup hyzmat edýän çadyrynda özüni bagtly adam saýýardy. Wagtyň geçmegi bilen Ybraýym öňki ýerinde uzakda bolmadyk bir täze ýere göçýär. Örüde ot gutaranynda we çeşmede suw gutaranynda, Sara ikisi goşlaryny ýygnap, hyzmatkärlerini alyp, sürüleri bilen başga bir ýere göçýärler. Ol ýerde olar ýene çadyr dikýärler. Bir gezek Hudaý Ybraýyma uzak bir ýurda gitmegi buýurýar. Hudaý Ybraýyma mydama ýaşar ýaly ýer bermek isleýär. Hudaý Ybraýymyň uly maşgalasynyň bolmagyny, şol maşgaladakylaryň hemmesiniň Hudaýy, özleriniň Hudaýy Rebbi söýmeklerirni hem şöhratlandyrmaklaryny isleýärdi. Hudaý Ybraýyma: «Bu ýerden git-de, Meniň saňa görkezjek ýerime bar. Ol ýerde Men seniň aladaňy ederin, seniň maşgalaň ebedi jaýly bolar» — diýdi. Ybraýym özüniň owadan çadyryna we asuda otlap ýören mallaryna seretdi. Bu ýerde ýeterlik ot hem suw bardy. Hiç kimem bu ýerden gitmek islemezdi. Şeýlelikde, Ybraýym wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa gulak asyp, bu ýeri terk edip, Hudaýyň özüne buýran ýerine gidibem bilýärdi ýa-da öz çadyryndaky durmuşdan lezzet alyp ýaşabam bilýärdi. Ybraýym çadyrda ýaşamagy gowy görýärdimi? Hudaý oňa nähili buýruk berdi? Şeýlelikde, Ybraýym, ine, näme etdi? Ol Hudaýyň yzyna düşmek üçin goşlaryny ýygnady. Sara oňa eşikler salnan düwünçekleri eşeklere ýüklemäge we iýmitli torbalary düýelere ýüklemäge kömek etdi. Ybraýym goýunlaryny we geçilerini bir ýere ýygnady, sygyrlaryny we öküzlerini suwa ýakdy. Soň ol çadyryny ýygnap ojakdaky ody öçürdi-de, ýola düşdi. Ybraýym özüne Hudaýyň buýran ýerine ugrady. Ol öňki ýerine hiç haçan gaýdyp gelmejekdigini bilýärdi. Ybraýymyň ýoly juda uzak boldy. Şol ýoly onuň bilen bilelikde aýaly Sara bilen doganynyň ogly Lut hem geçdi. Ahyrsoňy olar ozal hiç haçan görmedik ýerlerine baryp ýetdiler. Bu ýerde goýun-geçileri bakar ýaly, ter otlar köpdi. Sygyrlary we öküzleri suwa ýakar ýaly suw boldy. Bu ýerde aşagynda çadyr gurup, kölegesinde jöwzadan goranar ýaly, ullakan agaç ösüp durdy. Ybraýym dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Hudaý Ybraýyma nähili ak pata berdi? Ybraýym, Sara we Lut özleriniň täze öýlerinde bagtlydylar. Olar Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olaryň nesilleri beýik halk boldy. Ybraýymyň täze ýurda gidenine Hudaý diýseň hoşal boldy. Ol Ybraýyma gerek zatlarynyň hemmesini, hatda ondan-da köp zat berdi! Hudaý Öz alyp barýan ýerine gitme kararyna gelmekde bize kömek edýär. Doga edeliň Rebbim, hatda täze ýere göçenimizde-de biziň bilen bolýandygyň üçin Saňa minnetdar. Sen bizi nirä alyp gitseň hem, Seniň yzyňa düşme kararyna gelmäge kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň maşgalaň täze ýere göçüp görüpdimi? Eger hawa bolsa, onda öňki öýüňden gaýdanyňda, nähili duýgy duýanyňy gürrüň ber. Еger seniň maşgalaň täze öýe göçse, onda sen ilkinji nobatda haýsy zatlary ýanyňa alardyň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Reb Ybraýyma şeýle diýdi: «Öz _________________, kowumdaşlaryňy we ataň öýüni taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git. Senden beýik bir ______________ ýaradyp, seni ýalkaryn…» Gelip çykyş 12:1–2 3. Iki suraty deňeşdirip, 5 tapawudy tap. ÝERİ PAÝLAŞMAK Gelip çylyş 13:5–18 Ybraýym Luta öz göwnüne ýaran ýeri saýlamaga mümkinçilik berdimi? Ýa-da ol gowy ýeri özüne aldymy? Ybraýym Hudaýy gowy görýärdi, şonuň üçin Onuň yzyna düşüp, täze ýere gitdi. Ol ýer örülere we çeşmelere baý ýerdi. Ybraýyma kän ot we suw gerekdi. Sebäbi onda köp goýun-geçi hem öküz bilen sygry bardy. Lutda-da, edil Ybraýymyňky ýaly, köp goýun-geçi, sygyr sürüleri bardy, olara ot bilen suw gerekdi. Ybraýym bilen Lutuň sürülere seredýän kömekçileri bardy. Olar öz aralarynda uruşmaga başlaýarlar. Olar örüleriň we çeşmeleriň hemmesiniň Ybraýymyňky bolmagyny isleýärdiler. Beýlekiler otuň hem suwuň Luta berilmelidigini aýdýardylar. Ybraýym täze ýurda seretdi. Hudaý onuň mydamalyk Ybraýymyň maşgalasynyňky boljakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, Ybraýym wajyp saýlaw etmelidi. Ol öz jigisine ýeriň bir bölegini almaga rugsat edip bilýärdi. Näme üçin Lut ony öz islegi boýunça saýlamaly dälmiş? Ýa-da Ybraýym Luty kowup, tutuş ýurdy özüne alýandygyny aýdyp hem bilýärdi. Bütin şu ýurduň Ybraýymyň maşgalasyna degişli bolmagyny, onuň tohumynyň Hudaýyň aýratyn halky bolmagyny, maşgalasyndakylaryň hemmesiniň Ony şöhratlandyrmagyny, öz aralarynda uruşmaly däldiklerini Hudaýyň isleýändigini Ybraýym bilýärdi. Şonuň üçin Ybraýym Luta: «Bu ýerde ýer kän. Sen onuň islendik bölegini alyp bilersiň» — diýip teklip etdi. Täze ýurda Ybraýym bilen bile ýene kim geldi? Näme üçin Luta bu ýeriň bir bölegi erek boldy? Lut ýanyndan gideninden soň Ybraýym näme etdi? Lut otuň hem suwuň köp bolan ýerini saýlady. Lut gitdi. Soň Ybraýym ýene ýurda göz aýlady. Şol wagt Hudaý ýene oňa ýüzlenip: «Men saňa uly maşgala bererin, Ybraýym. Bu ýurt mydama seniň nesilleriňki bolar» — diýdi. Soň Ybraýym uzyn agaçlaryň ösüp oturan ýerine gitdi. Şol ýerde ol doga-dileg etdi we Hudaýy şöhratlandyrdy. Öz nesliniň aladasyny Hudaýyň etjekdigine Ybraýym begendi. Ybraýymyň edişi ýaly, Öz beren berekedini başgalar bilen paýlaşsak, Hudaý muňa begenýär. Doga edeliň Rebbim, Seniň berýän berekediňi başga adamlar bilen paýlaşma kararyna gelmäge bize kömek et. Başga adamlarda özleriniň mätäç zatlarynyň bolmagy üçin biz güýjümizde baryny etmek isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öz zatlaryňy, mysal üçin, oýunjaklaryňy öz dostlaryň bilen paýlaşýarsyňmy? Her gün berýän sowgatlarynyň hemmesi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirmegi we Ony şöhratlandyrmagy ýatdan çykarma. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da __________________ bolmasyn. Biz ________________…» diýdi. Gelip çykyş 13:8 3. Bu suratda 0 dan 20 çenli san gizlenen. Olary tap. SARANYŇ ÇAGASY Gelip çykyş 18:1–15; 21:1–7 Sara Hudaýyň Öz wadasyny ýerine ýetirjegine ynandymy? Ýa-da ol Hudaý mümkin bolmajak zady wada berdi diýip pikir etdimi? Ybraýymyň aýaly Sara owadan çadyrda ýaşaýardy. Ol gündizlerine uly ojakda nahar bişirmegi, gijelerine bolsa, asmanda şöhle saçýan ýyldyzlary synlamagy gowy görýärdi. Ýöne Sara özünde ýok zadynyň bolmagyny isleýärdi. Ol çaga isleýärdi. Ol ony elinde götermek we bagryna basmak, oňa hüwdi aýtmak we Hudaýyň täsin dünýäsi hakda gürrüň bermek isleýärdi. Hudaý Ybraýyma oglunyň boljakdygyna söz berýär. Ýyllar geçdi, emma Sara eýýäm mama ýa-da garry ene bolar ýaşa ýetdi. Ýöne onuň entegem çagasy ýokdy. Hudaý Ybraýym bilen Saranyň özlerine çaga bermek baradaky wadasyny unutmandygyny bilmeklerini isleýärdi. Şonuň üçin Ol Ybraýymyň ýanyna üç sany adamy goýberdi, aslynda olar perişdedi. Hudaýyň perişdeleriniň biri Ybraýyma: «Indiki ýyl şu wagt Saranyň çagasy bolar» — diýdi. Çadyrda oturan Sara muny eşitdi. Ol güldi-de, içinden: «Men indi çaga dogrup bilmeýärin. Men juda garry» — diýip pikir etdi. Hudaýyň perişdesi ýene Ybraýyma ýüzlenip: «Hudaý üçin mümkin bolmajak zat ýokdur. Indiki ýyl Saranyň ogly bolar» — diýdi. Şeýlelikde, Sara wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa bil baglap, çagasynyň bolaryna garaşyp hem bilýärdi ýa-da indi Hudaý özüne çaga berip bilmeýär diýip pikir edibem bilýärdi. Ybraýym bilen Sara Hudaýyň haýsy wadasyny ýada salmalydylar? Näme üçin Sara Hudaýa bil baglamak kyn boldy? Doglan çaga näme at dakdylar? Sara näme etdi? Оl Hudaýyň wadasynyň ýerine ýeterine garaşyp başlady. Bir ýyldan soň, ol ýüz ýaşa golaýlanda, onuň ogly boldy. Ol onuň adyna Yshak dakdy. Bu «gülki» diýmegi aňladýardy. Sara bilen Ybraýym ogullary dünýä inende, çyn ýürekden güldüler. Bu Hudaýyň aýratyn sowgady bolupdy. Indi olaryň özlerinden soň ýerde galdyrjak mirasdary bardy. Hudaý hatda mümkin däl ýaly bolup görünýän zady-da edýär. Hudaýa ynanyp, wada berlen ogla garaşma kararyna gelende, Sara dogry saýlaw etdi. Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjegine ynanmaklyk mydama bagt getirýär. Doga edeliň Seniň wadalaryň ýerine ýetjegine garaşanymyzda bize sabyrlylyk ber. Seniň wadalaryň hemmesiniň amala aşjagyna ynanmaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Adamlar saňa nähili wadalar berdiler? Olar mydama beren wadasynda durdularmy? Hudaý seni söýmäge we goramaga söz berýär. Sen Oňa ynanyp bilýärmiň? Näme üçin hawa ýa-da ýok? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «_______________________ başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň _________________ bolar». Gelip çykyş 18:14 3. Öýjüklerde dikligine predmetleriň atlaryny ýazsaň, Ybraýym bilen Saranyň oglunyň adyny okarsyň MERJIMEK ÇORBASY Gelip çykyş 25:19–34 Esaw geljekde öz nesliniň başy bolmak isledimi? Ýa-da ol özüne diňe şu wagt we häzir gerek zat hakda pikir etdimi? Ybraýym bilen Saranyň ogly Yshak ulalyp, Rebeka öýlendi. Yshak bir günde doglan iki ogluň atasy boldy. Oglanlar ekizdiler, ýöne daşky keşpleri we häsiýetleri boýunça biri-birine meňzemeýärdiler. Yshagyň ogullarynyň biri doglan wagtynda tüýli bolup doguldy. Onuň ady Esawdy. Ol öz jigisinden öň doguldy. Diýmek, Esaw uly oguldy, nowbaharlyk hukugy ondady, wagtyň geçmegi bilen ol öz tohumyna ýolbaşçylyk etmeli bolýar. Esaw ulalanynda örän güýçli adam boldy we wagtynyň köp bölegini aw awlamak bilen geçirdi. Yshagyň beýleki ogluna Ýakup diýip at dakdylar. Ol eljagazy bilen doganynyň aýagyna ýapyşyp doguldy. Ýakup ulalanynda öýünden uzaga gitmezlige çalyşýardy. Ol Esawyň alyp gelýän balygyndan we ýabany haýwanlaryň etinden nahar bişirmegi gowy görýärdi. Soň doganlar oturyp, Ýakubyň bişiren naharyny bile iýýärdiler. Ýakup Esawdan azajyk soň doguldy, ýöne ol haçan hem bolsa bir wagt öz tohumynyň başynda durmagy diýseň isleýärdi. Bir gün Esaw awdan örän aç bolup geldi. Ýakup uzakly gün uly gazanda merjimek çorbasyny bişirdi. M-m-m-m. Onuň ysy janyňy alyp barýar! Merjimegiň ysy hemme ýere ýaýrapdy. Esaw onuň ysyny alanda, özüni örän aç duýdy. Ol bir jam merjimek çorbasy üçin Ýakuba islän zadynyň hemmesini bermäge taýýardy. Ýakup Esawa mekirlik etmekçi boldy. Ine, ol özüniň uly doganyna näme diýdi: — Men saňa merjimek çorbasyny berýärin. Ýöne munuň deregine sen maňa öz nowbaharlyk hukugyňy berermiň? Sen maňa wagty gelende biziň tohumymyza ýolbaşçylyk etmäge rugsat edermiň? Ýakup Esawdan näme sorady? Näme üçin Esaw özüniň nowbaharlyk hukugyny jigisine berdi? Esaw dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Şeýlelikde, Esaw wajyp saýlaw etmelidi. Ol azajyk garaşyp, başga bir zat iýip, geljekde öz tohumynyň başy bolup bilerdi. Ýa-da merjimek çorbasyny edil şu wagt iýip bilýärdi. Şeýle bolanda, ol özüniň nowbaharlyk hukugyny Ýakuba bermeli bolýardy. Esaw dogrudanam, örän açdy. Şonuň üçin ol Ýakuba: — Nowbaharlyk seniňki. Wagty gelende biziň tohumymyza ýolbaşçylyk edip bilersiň. Häzir maňa merjimek çorbasyny ber — diýdi. Ýakup doganynyň haýyşyny ýerine ýetirdi. Aç Esaw saklanyp bilmän iýdi. Ol hatda näme edendigi hakda pikirem etmedi: ol özüniň nowbaharlyk hukugyny bir jam merjimek çorbasyna satdy. Esawyň munuň ýaly sabyrsyz hem akmak bolanyna Hudaý gynandy. Onuň jigisi Ýakuba bolsa, Ol öz tohumynyň pähimli ýolbaşçysy bolmaga kömek eder. Biziň şu wagtky edýän saýlawymyz geljekki durmuşymyzy üýtgedip biler. Doga edeliň Rebbim, mydama özümiz üçin has wajyp bolan zady etmegimize Özüň kömek et. Iň esasy zadyň Saňa gulluk etmekdigini we Seni söýmekdigini ýatda saklamaga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen nämedir bir zady etmekde ýeňip bolmajak islegi duýup görüpdiňizmi? Belki, bir guty süýjini iýmegi ýa-da, ejeňiziň tabşyryşy ýaly, öýe gitmegiň deregine dostuňyz bilen oýnamagy islänsiňiz. Sen islän zadyňy edeniňden soň näme boldy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ýakup Esawa nan hem _____________ çorbasyny berdi. Esaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Esaw özüniň ________________ hakyna biperwaý garady». Gelip çykyş 25:34 3. Esaw nowbaharlyk hukugyny satan merjimek çorbasynyň reňki sebäpli («gyzyl») lakam aldy. Şuny nazara alyp, suraty reňkle. TÜÝLI ELLER Gelip çykyş 27 Ýakup öz kakasyna hakykaty aýtdymy? Ýa-da ol kakasyny aldadymy? Ýakup öz tohumyna baş bolmagy diýseň isleýärdi, şonuň üçin mekirlik bilen Esawy özüne nowbaharlyk hukugyny satmaga mejbur etdi. Ýöne oňa kakasynyň ak patasyny almak hem gerekdi. Ol wagt onuň kakasy eýýäm örän garrydy. Ol gowy eşitmeýärdi, gözi-de görmeýärdi diýen ýalydy. Bir gün Ýakubyň ejesi Rebeka ogluna: — Ine, men näme pikir etdim, Ýakup. Seniň doganyň Esawyň elleri tüýli. Owlagyň derisini al-da, ony eliňe daň we Esaw bolan kişi bol. Şonda kakaň saňa ak patasyny berer — diýdi. Ýakup tohumyna ýolbaşçy bolmagy örän isleýärdi, şonuň üçin razy boldy. Ol eline geçi derisini dolap, kakasynyň çadyryna bardy. Ol eline şu iş üçin taýýarlan naharyny alyp bardy. Yshak etli naharyň ýakymly ysyny duýdy. Ol bu ys Esawyň awdan alyp gelen ýabany haýwanynyň etinden bişen nahardyr diýip pikir etdi. Ýakup beýle däldigini kakasyna bildirjegem bolmady. Yshak hemmesini iýip bolandan soň: — Uly oglum Esawa ak pata berýärin. Esawyň elleri tüýli. Sen meniň Esaw oglummy? — diýdi. Şeýlelikde, Ýakup wajyp saýlaw etmelidi. Ol hakykaty aýdyp bilýärdi. Eger şeýle etse, onda kakasy oňa Esawa niýetlenen ak patany bermeýärdi. Ýa-da ol ýalan sözläp, özüne Esaw diýip, kakasynyň ak patasyny alyp bilýärdi. Şonda ol tohum-tijiniň başy bolýardy. Ýakup näme etdi? Ol owlagyň derisi dolanan elini kakasyna sypalamaga berdi. Yshak ogluny görüp bilmedi, ýöne öz öňünde Esawyň oturanyna ynandy. Şonuň üçin oňa ak pata berdi. Ýakup kakasyny nädip aldady? Nädogry saýlawy üçin Ýakuba näme boldy? Saňa hakykaty aýtmagyň kyn bolan ýagdaýyny ýada salyp bilýärsiňmi? Şeýdip, Ýakup tohum-tijiniň başynda durdy. Muny bilende Esaw örän gaharlandy. Ol şeýle bir gaharlydy welin, hatda tapan badyna jigisini öldürmegi ýüregine düwüpdi. Ejesi Ýakuba ýol şaýyny tutmaga kömek etdi. Hawa, Ýakup tohumynyň başy boldy, ýöne bolup geçen zatlardan soň ol öz öýünde galyp bilmeýärdi. Ol Esawdan gaçmaga mejbur boldy. Ýakubyň ýalan sözlänine Hudaý gynandy, ýöne barybir ony gowy gördi we baran ýerinde oňa ýaran boldy. Hakykaty aýtmak mydama ýalan sözländen gowudyr. Doga edeliň Rebbim, ýalan sözlänimiz üçin bizi bagyşla. Bizi bagyşlaýanyň we bize bolan söýgiň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Özüňe hakykaty aýtmagyň kyn bolan ýagdaýlaryny ýadyňa salyp bilýärsiňmi? Ýalan sözläniňde — gutuljak bolup aldanyňda ýa-da bolsady ekeniňde — näme bolýar? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Yshak oňa: «Saňa berilmeli __________________ doganyň aldy, ol meni _____________________ eken» diýdi. Gelip çykyş 27:35 3. Ýakup Esawyň gazabyndan gaçyp, ejesiniň dogany Labanyň ýanyna gitdi. Ýakuba Labanyň öýüne baryp ýetmäge kömek et. DOGANLAR Gelip çykyş 32–33 Esaw Ýakuby bagyşladymy? Ýa-da ol jigisine gaharlanmagy dowam etdirdimi? Ýakup örän ýekesireýärdi. Ol gaty köp ýyllap ata watanyndan uzakda ýaşady. Atasynyň öýünden gidenine eslije ýyl geçdi. Indi onuň özüniň uly maşgalasy bardy. Onuň ummasyz goýun-geçisi, düýeleri bardy, sygyrlary hem eşekleri bardy. Emma onuň ýanynda dogany Esaw ýokdy. Ýakup ýurduna dolanyp barmak isleýärdi, ýöne gorkýardy. Ol öýünden gaýdanda Esaw juda gaharlydy. Belki, ol şu wagta çenli-de, jigisiniň ölümini isläp ýörendir. Belki, Esaw Ýakubyň bütin maşgalasyny gyrar. Ýakup şeýle bir ýekesiredi welin, ahyrsoňy, Hudaý özüni Esaw bilen ýaraşdyrar diýen umyt bilen öýüne gaýdyp gitme kararyna geldi. Ýakup öz maşgalasy we mal-garasy bilen bile ýola düşdi. Ýolda ol Esawyň ýanyna adamlar ugratdy. Ol özüniň öýüne gaýdyp barýanyny doganyna duýdurmak isledi. Ine, ol öňde goýberen adamlaryndan Esawyň özüniň öňünden çykmak üçin gelýänini bildi. Özem ýeke gelenokdy, ýanynda dört ýüz adam bardy! Bu habardan gorkan Ýakup Hudaýa ýüzlenip ýalbardy: — Sen maňa öýe dolanmagy buýurdyň. Sen meniň aladamy etmäge wada berdiň. Sen mydama meni gowy gördüň we maňa rehim etdiň. Meniň uly maşgalam bar, şonuň üçin men häzir Seniň kömegiňe mätäç. Senden haýyş edýärin, meni Esawdan gora. Ertesi gün Ýakup Esawa öz sürüsiniň bir bölegini ugratdy. Ol oňa goýun-geçi, düýeler, şeýle hem, sygyrlar we eşekler ugratdy. Näme üçin Ýakup öz öýüne gaýdyp gelýärkä gorkdy? Esaw Ýakuby görende nähili hereket etdi? Bir günden soň Ýakup Esawy we onuň ýanyndaky adamlary gördi. Goýberilen adamlar Esawa bu sowgatlaryň öz jigisi Ýakupdandygyny aýdypdylar. Ýakupdan! Şeýle köp ýyllar geçdi ahyry! Ýakup bir wagtlar mekirlik bilen ony tohum-tijiniň başy bolma hukugyndan ýüz öwürmäge mejbur edipdi. Indi bolsa, ol öýe gaýdyp gelýär. Şeýlelikde, Esaw wajyp saýlaw etmelidi. Ol dört ýüz adamy Ýakuby öldürmäge we onuň bütin maşgalasyny ýok etmek üçin goýberip bilýär. Ýa-da ol gaýtam, özüniň nädogry saýlaw edenini boýun alyp, Ýakuby bagyşlap hem bilýär. Ol özüniň nowbaharlyk hukugyny bir jam merjimek çorbasyna satmaly däldi ahyry. Ýakup özüniň maşgalasy, sürüleri hem esgerleri bilen bile Esawa tarap gitdi. Ol Esawyň baş bolup gelýän ullakan mähellesini görende gorkdy. Ýöne ol yza gaýtmady. Ol öz maşgalasyna saklanmagy buýurdy-da, öňe ýeke özi gitdi. Ýakup Esawa haýaljakdan golaýlaşdy-da, oňa mähirli salam berdi. Doganlar ýene bile boljakdyklaryna begendilermi? Sen muny nädip bildiň? Esaw jigisine elini uzatdy-da, ony gujaklady. Olar güldüler we agladylar, gaty gürleşip salamlaşdylar. Ýene bile bolmak nähili gowy! Doganlar Hudaýyň özleriniň arasynda parahatçylygyň we agzybirligiň bolmagyny isleýänini bilýärdiler. Hudaý ýolboýy Ýakup bilen boldy. Indi Ol Ýakuby öz tohum-tijiniň başy bolmagy üçin ata watanyna alyp geldi. Nägilelik bildirip ýöreniňden, bagyşlamak mydama-da gowudyr. Doga edeliň Rebbim, adamlar göwnümize degseler-de ýa-da bizi aldasalar-da, olary bagyşlamaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň maşgalaňdan kimdir biriniň özüni ýakynlarynyň bagyşlamagyny islän ýagdaýyny ýadyňa sal. Oňa bagyşlama almak kyn boldumy ýa-da aňsat? Ýaraşmadan öň ýa-da soň maşgala agzalarynyň hemmesi nähili duýgy duýdular? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň _____________________ ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda ____________________ adam bar» diýdiler. Gelip çykyş 32:6 3. Esaw bilen Ýakuba seret. Doganlaryň kelleleriniň we olaryň kölegeleriniň arasynda sen näçe gabat gelmezlikleri tapyp bilýärsiň? GURRUK GUÝUDA Gelip çykyş 37:12–35 Doganlary Ýusuby gowy görýärdilermi? Ýa-da olar oňa ýamanlyk etdilermi? Ýakubyň on iki ogly bardy. Käwagt olar agzybirlik bilen zähmet çekýärdiler. Käwagt hem, edil beýleki doganlar ýaly, uruşýardylar. Ýakubyň ogullarynyň biriniň ady Ýusupdy. Ol doganlaryň kiçisidi, şonuň üçin kakasynyň ýanyndan aýrylmaýardy. Ýakubyň uly ogullary meýdanda işleýärdiler we goýun bakýardylar. Ýusup ulalanda olara kömek edip başlady. Käwagt Ýakup, beýleki kakalar ýaly, kä bir ogluna, kä-de beýlekisine sowgat berýärdi. Ýöne bir gün ol Ýusuba üýtgeşik zat — täze hem örän owadan eşik sowgat berdi. Ýakubyň ogullarynyň her biri belli bir reňkdäki — çal, goňur, ýaşyl geými geýýärdi. Ýöne kakasynyň Ýusuba sowgat beren geými dürli reňklidi. Onda älemgoşaryň hemme reňki-de — sary, gyzyl, gök, melewşe hem-de altyn hem kümüş reňki bardy. Bu diýseň gowy geýimdi. Ýusup ony şobada geýýär. Ol muňa nähili begendi! Doganlary bolsa Ýusuba, kakasynyň şeýle owadan geýim alyp beren ogluna bahyllyk etdiler. Bir gün gije Ýusup täsin bir düýş gördi. Ol oýananyndan soň, ony doganlaryna gürrrüň berdi: — Мen bir düýş gördüm. Düýşümde siz on bir sany bugdaý dessesi bolýarsyňyz. Men on ikinji desse boldum. Siziň hemmäňiz maňa baş egdiňiz, sebäbi men esasy dessedim. Ýöne doganlar maşgaladaky kiçi doganyň öňünde baş egmek islemediler. Olar Ýusubyň düýşleri hakda gaýdyp eşitmek islemediler. Ýusup özüniň ýene bir düýşüni gürrüň berende, olar gaty gaharlandylar. Indiki düýşünde Gün, Aý we on iki sany ýyldyz baş egýär. Şonda kakasy Ýusupdan: — Ejeň ikimizem seniň ýanyňa baş egmäge bararmykak? On bir doganyňam seniň öňüňde baş egermi? — diýip sorady. Doganlary Ýusubyň täze eşigine nähili garadylar? Olar kiçi jigileriniň düýşi hakda bilenlerinde nähili duýgy duýdular? Ýusubyň doganlary örän göripdiler. Olar kakalarynyň kiçi jigilerine eden ajaýyp sowgadyny asla ýatdan çykaryp bilmediler. Şeýlelikde, doganlar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Ýusuby öz gününe goýup, özleriniň işleri bilen bolup bilýärdiler. Ýa-da Ýusup mundan beýläk özleriniň ýolunda durmaz ýaly, onuň dürli reňkli geýmini alyp, hatda ony öldüribem bilýärdiler. Doganlar näme etdiler? Ýusup kakasynyň tabşyrygy boýunça olaryň ýagdaýyny bilmek üçin meýdana gelende, olar oňa hüjüm etdiler. Doganlaryň ýagdaýlary gowudy, emma Ýusubyň ýagdaýy welin gaty erbet boldy. Doganlary onuň egnindäki dürli reňkli köýnegini sypyryp aldylar-da, özünem gurruk guýa taşladylar. Olar Ýusuby öldürjek boldular, ýöne ýolda Müsüre gidip barýan kerweni gördüler. Doganlary Ýusuby nähili jezalandyrdylar? Şonda doganlaryň biri şeýle teklip etdi: — Geliň, Ýusuby Müsüre barýan kerwendäki täjirlere satalyň. Olar şeýle hem etdiler. Soň doganlar Ýusubyň geýmini hapalap, ony bölek-bölek etdiler. Indi geýim, edil Ýusup ýyrtyjy haýwan bilen söweşen ýaly bolup görünýärdi. Olar ýyrtylan geými kakalaryna eltip görkezdiler-de, özleriniň kiçi jigilerini ýyrtyjy haýwan parçalandygyna ony ynandyrdylar. Ýakup özüniň söýgüli oglunyň ýasyny tutdy. Ol ony indi hiç haçan görmerin öýtdi. Doganlarynyň Ýusuba şeýle etmekleri Hudaýy diýseň gynandyrdy. Ýöne Ol Ýusuby Müsürde hiç haçan terk etmedi-de, mydama onuň bilen bile boldy. Hudaý biziň özümizde bar zada begenmegimizi we başgalara göripçilik etmezligimizi isleýär Doga edeliň Rebbim, başga adamlara mylakatly bolmaga bize kömek et. Olarda, hatda biziň isleýän zadymyz bar bolanda-da, olar üçin begenmäge kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Doganlaryňa ýa-da dostlaryňa görübilmezçilik etmäge seni näme mejbur edýär? Bu duýgy seni doly gurşap almanka, sen ondan nädip saplanyp bilersiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ýusup ____________________ ýanyna gelende, olar onuň egnindäki _________________ geýmini sypyrdylar-da, ony gurruk guýa taşladylar». Gelip çykyş 37:23–24 3. Bu atlardan Ýakubyň 12 oglunyň atlaryny saýla: Mark, Ruben, Luka, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Dan, Naftaly, Andrys, Gat, Lut, Aşer, Ylýas, Zebulun, Ysakar, Mikaýyl, Ýusup, Danyýel, Benýamin, Elýaşa. UZAK GARAŞMA Gelip çykyş 39; 41 Ýusup Hudaýa ynandymy? Ýa-da ol Hudaýyň maksadyna şübhelendimi? Ýusup ata watanyndan uzakda ýaşady. Doganlaryň Ýusuby satan täjiri ony Müsüre alyp geldi. Ol ýerde Ýusup bir baý müsürliniň öýünde işlemelidi. Ýusup gowy işçi bolup, özüne buýrulan işleriň hemmesini ýerine ýetirdi. Ýöne bir gün hojaýynyň aýaly Ýusuba gaty gaharlandy. Ol aldaw ýoly bilen ýaş hyzmatkäri zyndana taşlamaga adamsyny mejbur etdi. Indi Ýusup erkin uçup ýören guşlary görüp bilmeýärdi, ýüzüne daman damjalary duýup bilmeýärdi. Tussaglykda bolmak oňa asla ýaramaýardy. Ol her gün zyndandan çykmaga Hudaýyň kömek ederine umyt baglaýardy. Emma wagt geçip durdy, ýigidiň durmuşynda hiç zat üýtgemeýärdi. Şeýlelikde, Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň kömegine garaşman, öz güýji bilen zyndandan çykmaga dyrjaşyp bilýärdi. Belki, ol garawullaryň biri bilen gürleşerdi. Onuň açar ogurlap, erkinlige çykmagy-da mümkindi. Ýa-da ol Hudaýa bil baglap, öz durmuşynda bolup geçýän zatlaryň Hudaýyň maksadynyň bir bölegi bolup durýandygyna ynanyp hem bilýärdi. Ol özüne näme etmelidigini Hudaýyň açyp görkezerine garaşyp bilýärdi. Ýusup Hudaýa ynanma kararyna geldi. Ol zyndanda uzak wagtlap otyrdy. Bir gezek onuň ýanyna bir adam geldi. Ol faraonyň özüniň kömekçisidi. Müsür patyşasy Ýusubyň düýş ýorup bilýändigini bildi. Müsür hökümdary bir düýş görüpdi. Şonuň üçin ol indi öz düýşüniň ýorgudyny düşündirmegi üçin Ýusubyň ýanyna adam iberýär. Faraonyň kömekçisi Ýusuby köşge alyp geldi. Şol ýerde ol faraonyň şol täsin düýşünde ýedi sany semiz sygry we ýedi sany hor sygry görendigini bilýär. Faraonyň düýşüniň nämäni aňladýanyny Hudaý Ýusuba açdy. Şonuň üçin Ýusup: — Ýedi semiz sygyr — bu ýedi hasylly ýyldyr. Meýdanlarda kän däne hasyly bolar, halk hem aç bolmaýar. Ýedi hor sygyr- bu ýedi hasylsyz ýyldyr, bu ýyllarda meýdanlarda däne bolmaz, ýurtda açlyk başlanar — diýdi. Faraon: — Biz näme etmeli? — diýip sorady. Ýusup zyndanda oturanda onuň ýagdaýy nähilidi? Näme üçin Ýusubyň öz güýjüne daýanyp zyndandan çykmak çözgüdi nädogry saýlawdy? Ýusup: — Hasyl bol bolanda, olaryň artykmajyny ullakan ammarlara salyp ýygnamaly. Şol dänäni ýurtda açlyk başlananda ulanyp bolar. Şeýdip, Ýusup faraonyň baş kömekçisi boldy. Oňa bütin Müsürde ýygnalan dänäniň hasabyny ýöretmegi buýurdylar. Hasylly ýyllarda Ýusup dänäniň artykmajyny ullakan ammarlara salyp, olary şol ýerlerde saklady. Ýusup faraona we müsürlileriň hemmesine nädip kömek etdi? Soň gurakçylyk ýyllar geldi, şonda ýagyş bolmansoň ekinleriň hemmesi gurap gitdi. Müsürde açlyk başlandy. Ýöne Ýusubyň ammarlary bugdaýdan doludy. Ol ýygnalan hasyldan mätäçleriň hemmesine berdi. Müsürliler Ýusupdan bugdaý alyp gelip, özlerine iýmit etdiler. Ýusubyň Hudaýa ynanyp, Ondan kömege garaşanyna Hudaý hoşal boldy. Hudaýyň maksady, dogrudanam, ajaýypdy! Hudaý Ýusuba Müsürde wajyp adam bolmaga kömek etdi. Hudaýyň jogabyna garaşmak — mydama dogry gelnen karardyr. Doga edeliň Rebbim, Öz bellän wagtyňa biziň dogalarymyza jogap berýäniň üçin Saňa minnetdar. Biziň her birimiz babatdaky maksadyň üçin Saňa minnetdar. Näme etmelidigini aýdýançaň garaşanymyzda Sen biziň bilen bol. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Öz dogaňa uzak wagtlap garaşmaly bolup görüpdiňmi? Belki, sen şobada jogap alaryn öýdensiň. Öz tamaň çykmadyk wagtynda nähili duýgy duýduň? Ýusup ýaly senem Hudaýa garaşyp hem ynanyp bilýärmiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Soňra ol Ýusuba: «_____________________ şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly _____________________________ adam ýokdur» — diýdi. Gelip çykyş 41:39 3. Zyndana düşmezinden öň Ýusup Potypar atly müsürliniň öýünde işledi. Suratda bu ady düzýän harplary tap. «MEN ÝUSUP!» Gelip çykyş 42–45 Ýusup öz durmuşynda bolan gowy zat hakda pikir etdimi? Ýa-da ol diňe erbetligi ýatda sakladymy? Müsüre gidip barýan täjirlere Ýusuby satanlaryndan soň doganlar kakalarynyň ýanyna gaýdyp baryp, Ýakuby öz kiçi oglunyň diri däldigine ynandyrdylar. Doganlar, elbetde, Ýusubyň ölmändigini bilýärdiler. Ýöne olar ony indi hiç haçan görmeris öýdýärdiler. Вir hasylsyz ýylyň yzyndan ikinjisi-de geldi, ýene meýdanlarda hasyl bolmady. Ondan soňky ýyl hem, edil şonuň ýaly boldy. Şeýle ýagdaý ýedi ýyllap dowam etdi. Ahyrsoňy garyn doýrar ýaly däne hiç kimde-de galmady. Bu erbet habardy. Emma Ýakup soň gowy habar eşitdi. Müsürde galla bar! Bu ýurtda bir akylly adam dänäň uly ätiýaçlygyny ýygnapdyr. Ýakup ogullaryny ýanyna çagyrdy. Ol olara Müsüre gitmegi buýurdy. Olar ol ýerden galla alyp gelenlerinden soň, ondan köp iýmitler taýýarlarlar we açlygy unudarlar. Doganlar düýelere münüp, ýola düşdüler. Olar örän köp ýöränlerinden soň Müsüre baryp ýetdiler. Ol ýerde olar köp galla ýygnan wajyp adam hakda bildiler. Onuň ýanyna baranlarynda doganlar özlerini örän edepli alyp bardylar. Olar onuň öňünde baş egdiler-de, ondan özlerine galla satmagy haýyş etdiler. Ýakubyň ogullary özleriniň dogany bilen gürleşýändiklerini bilmediler. Ýusubyň doganlary Müsüre näme üçin geldiler? Emma Ýusup doganlaryny tanady. Ol köp ýyl mundan ozal olaryň özüni täjirlere satanyny ýada saldy. Ol, şeýle hem, olardan öýlerinde kakasynyň ýanynda kiçi inisiniň, Ýusubyň hiç haçan görmedik jigisi Benýaminiň galandygyny bildi. Şonuň üçin Ýusup Müsürde uly doganlarynyň birini saklap, Benýamini alyp geljekdiklerine olardan wada alandan soň, galanlaryny goýberdi. Ýusup doganlarynyň haltalaryny doldurmagy we olaryň içine tölän pullaryny salmagy buýruk berdi. Doganlar şol pullary görenlerinde näme pikir etjeklerini-de bilmediler. Olar Ýusubyň özlerini jezalandyraryndan gorkdular. Ýöne, şeýle-de bolsa, Ýakubyň ogullary Müsüre gaýdyp geldiler, Benýamini-de alyp geldiler. Ýusup olar üçin nahar taýýarlatdy-da, olary öýüne çagyrdy. Tiz wagtdan doganlar galladan doldurylan haltalary bilen ýola düşdüler. Ýöne olar şäherden çykyp çykmankalar, Benýaminiň haltasynyň içinde özüniň kümüş käsesini gizlän Ýusup hyzmatkärine olaryň yzlaryndan ýetip, olary yzlaryna getirmegi buýurdy. Ol kümüş käsäni ogurlany üçin Benýamini Müsürde alyp galmaly boljakdygyny aýdýar. Onuň uly doganlary Benýamini goýup gidip bilmejekdiklerini, sebäbi şeýle etseler, onda munuň özleriniň kakalaryny juda gynandyrjakdygyny aýtdylar. Indi Ýusup doganlarynyň nähili gowy adamlar bolandyklaryna düşündi. Şeýlelikde, Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol Müsüre düşeni üçin öz durmuşynda bolup geçen zatlar hakda pikir edip bilýärdi. Ol ammarlarda saklanan galla we gallanyň kömegi bilen ölmän galan adamlar hakda hem pikir edip bilýärdi. Ol doganlaryna özüni tanadyp, doganlarynyň eden ýamanlygyny bagyşlabam bilýärdi. Ýa-da ol özüni täjirlere satyp, ýamanlyk edendiklerini ýatlap we munuň üçin olary türmä salyp hem bilýärdi. Nädip Hudaý Ýusubyň durmuşyndaky ähli ýamanlyklary ýagşylyga öwürdi? Ine, Ýusup näme etdi. Ol ýüzlenip: — Men Ýusup! Men siziň doganyňyz — diýdi. Ýakubyň ogullary gorkudan ýaňa sandyradylar. Ýöne Ýusup olary köşeşdirdi: — Siziň meni öldürjek bolandygyňyzy men bilýärin. Ýöne öz maşgalamy halas etmegim üçin Hudaý meni Müsüre alyp geldi. Bu ýerde iýmit taýýarlar ýaly ýeterlik galla bar, siziň hiç biriňizem açlykdan ölmersiňiz. Kakamy bu ýere alyp geliň, biz ýene bile bolarys. Ýusup öz durmuşyndaky erbet zatlaryň hemmesini Hudaýyň gowulyga öwürenine düşündi. Ýusubyň muňa düşünenine Hudaý hoşal boldy. Hudaý, şeýle hem, Ýusubyň doganlaryny bagyşlap, öz maşgalasyna kömek edenini hem gowy gördi. Erbet bir zat bolanda-da, biz özümiz babatda Hudaýyň gowy maksadynyň bardygyna ynanmalydyrys. Doga edeliň Rebbim, nähilidir bir agyr ýagdaýlar bolanda, göwnüçökgün bolmazlygymyza kömek et. Seniň ýamanlygy ýagşylyga öwrüp bilýäniňe ynanmagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Siziň maşgalaňyzyň düşen haýsy agyr ýagdaýy maşgala üçin gowulyk bolup çykdy? Erbet bir zadyň gowulyga alyp baranyny göreniňde, seniň keýpiň nähili üýtgeýär? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Ýusup olara: «Gorkmaň, sebäbi men Hudaýdan gorkýaryn! Siz maňa _______________________ etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, …Hudaý ol ýamanlygy __________________ öwürdi». Gelip çykyş 50:19–20 3. Ýusubyň doganlary galla almak üçin Müsüre gitdiler. Müsürde hurma agajynyň köp ýaýran agaçdygyny sen bilýärsiňmi? Suratda ýene birnäçe palmanyň suratyny çek. ÝÜZÝÄN SEBET Müsürden çykyş 1:6–2:10 Merýem kiçi jigisine kömek etdimi? Ýa-da ol gaçyp, öýüne gitdimi? Ýusup bilen doganlarynyň Müsürde mesgen tutanyna köp ýyllar geçdi. Indi Müsürde başga faraon hökümdarlyk edýärdi. Ol Hudaýyň halkyny halamaýardy, şonuň üçin ol olary faraonyň adyny şöhratlandyrjak äpet binanyň gurluşygynda olary işlemäge mejbur edýärdi. Iş örän agyrdy: palçykdan kerpiç ýasamalydy, suw getirmelidi we äpet daşlary süýşürmelidi. Faraon Hudaýyň halkynyň öz garşysyna aýaga galaryndan ätiýaç edýärdi. Şonuň üçin ol bu halkyň sanynyň köpelmegine ýol bermezligi oýlap tapdy. Faraon Hudaýyň halkyna oglan çaga edinmeli däldigini yglan etdi. Şol wagt bir aýalyň ogly bolýar. Öz oguljygyny ýürekden gowy görýän ene ony halas etmegiň ýoluny oýlap tapdy. Onuň meýilnamasy örän gowudy. Ol üç aýlap öz ogluny hemmelerden gizledi. Soň ol berk sebet örüp, sebet suwuň ýüzünde ýüzüp biler ýaly, onuň deşiklerini ýapyşdyrýar we onuň içine ýumşajyk mata ýazýar. Bu sebet, ol ogluny içine salyp biler ýaly, kiçijik sallançak ýaly boldy. Soň ol aýal sebedi we özüniň kiçijik ogluny Nil derýasynyň boýuna alyp barýar. Ony uly gyzy Merýem gizlin synlap gelýärdi. Derýanyň boýunda ene çagasyny ogşap, ony sebede saldy. Soň ol sebedi seresaplylyk bilen suwuň ýüzüne goýdy. Sebet suwa çümmedi! Çaga onuň içinde gurudy hem oňaýlydy. Şeýdip, ene öýüne gitdi. Merýem kiçi jigisine näme bolýandygyny bilmek üçin derýanyň kenarynda galdy. Tiz wagtdan gyzjagaz kimdir biriniň sesini eşitdi. Ol derýanyň kenaryndaky gamyşlary aýranda, derýa suwa düşmäge gelýän faraonyň gyzyny görýär. Belki, ol sebedi görüp, ondaky çagany tapar? Merýem näme etmeli? Näme sebäpden ene kiçijik ogly üçin sebet ördi? Şeýlelikde, gyzjagaz wajyp saýlaw etmelidi. Ol kenarda durup, jigisine kömek etmäge çalşyp bilýärdi ýa-da öýüne ylgap gidip bilýärdi. Ine, Merýem näme etdi. Ol hemme zady görmek we eşitmek üçin kenarda galdy. Faraonyň gyzy sebedi görüp, hyzmatkärleriniň birine ony alyp gelmegi buýurdy. Faraonyň gyzy sebediň içinde ýatan çagany gören badyna ony gowy gördi. Ol oglanjyga Musa diýip at dakdy we çagany ogullyga aljakdygyny aýdýar. Şonda Merýem faraonyň gyzynyň ýanyna baryp, oňa: — Men bäbegiň aladasyny edip, ony emdirip biljek adam tapyp bilýärin. Siz rugsat edýärsiňizmi? — diýdi. — Elbetde! Bu diňe oňa peýda bolar — diýip, faraonyň gyzy jogap berdi. Uly gyz dogany kiçi jigisine nädip kömek etdi? Мerýem ajaýyp täzeligi ejesi bilen paýlaşmak üçin öýüne tarap howlukdy: olara kiçijik Musany almaga we ony faraonyň gyzy üçin iýmitlendirmäge rugsat etdiler! Bu onuň janyny aman saklar. Haçan hem bolsa bir wagt Musa faraonyň köşgünde ýaşap başlar! Merýemiň öz maşgalasyna kömek edenine Hudaýyň göwni hoş boldy. Ol kiçijik Musanyň howpsuzlykda bolmagynyň aladasyny etdi. Bu Hudaýyň maksadyna girýärdi! Biz nädip başga adamlara kömek etmelidigini görkezmegini sorap, Hudaýdan haýyş edip bileris. Doga edeliň Rebbim, başgalara peýdaly bolmak üçin biz elimizden gelenini etmek isleýäris. Her gün maşgalamyza nädip kömek etmelidigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öz maşgalaňa nädip kömek edýärsiň? Kömege barmagyň deregine gaçyp gitmek islän gezekleriň bolupdymy? Şonuň ýaly ýagdaýlarda, seniň pikiriňçe, näme etmek gerek? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. …faraonyň gyzy ony özüne _________________ alýar. Ol: «Men ony _____________ çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar. Müsürden çykyş 2:10 3. Gadymy Müsürde papiruslaryň we palçyk sahypalaryň ýüzüne hat ýazypdyrlar. Iki tablisany deňeşdirip, olaryň her birindäki ýetmezçilik edýän iýeroglifleri ýaz. «MENI BIR IBERME!» Müsürden çykyş 2:11–4:20 Musa Hudaýa gulak asdymy? Ýa-da ol Hudaýyň aýdan zatlaryna perwaýsyz garadymy? Мusa Müsürde şazada kimin terbiýelendi we köşkde faraonyň uly oglunyň hukugy bilen ýaşady. Şeýle-de bolsa, Musa aslynda özüniň Hudaýyň halkyndandygyny bilýärdi. Мusa öz halkyna faraony agyr işleri etmäge mejbur edýändigini görýärdi hem-de olary gullara öwrendiklerinden nägiledi. Ol Hudaýyň halkyna kömek etmek isledi, ýöne oýlanşyksyz hereket edip başlady. Onuň kömek etmek isleýän usuly Hudaýa ýaramady. Mundan başga-da, Musa faraonyň gaharyna sezewar boldy. Şonuň üçin Musa Müsürden gaçyp gitmeli boldy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda çopan boldy. Ine, günleriň birinde, Musa goýun bakyp ýörkä, bir täsin ýagtylyk gördi. Ol ýerde agajyň şahasy ýanyp durdy, ýöne şaha ýanmaýardy. Musa oňa golaý baranda, ýanyp duran şahalaryň arasyndan gelýän Hudaýyň sesini eşitdi. Musa köwşüni çykardy, sebäbi onuň duran ýeri üýtgeşik ýerdi. Soň ol golaýrak bardy. Hudaý Musadan näme haýyş etdi? Hudaýy Musanyň Müsüre gaýdyp barmagyny isleýärdi. Şonuň üçin Ol: — Men seniň Meniň halkymy Müsürden alyp çykyp, ony öz ýurduna alyp barmagyňy isleýärin — diýdi. Musa Hudaýyň buýrugyny ýerine ýetirmek isledimi? Мusa: — Meni bir iberme! Men faraony Seniň halkyňy ibermäge nädip yraýyn? — diýdi. Hudaý Musa: — Men seniň bilen bolaryn — diýdi. Belki, Musa indi Hudaýa tabyn bolandyr? Emma Musa: — Meni bir iberme! Adamlar maňa ynanmazlar. Olar Seniň adyňy bilmek islärler. Men olara näme jogap bereýin? — diýip gaýtalady. Şonda Hudaý Musa: — Men Biribardyryn. Ine, Meniň adym — diýdi. Musa Hudaýa indi boýun boldumy? Ýok, ol öz diýenini tutup durmagy dowam etdirdi: — Men gitmäýin! Halk meniň Seni görenime ynanmaz. Hudaý muňa jogap edip, Musadan elindäki çopan taýagyny ýere taşlamagy buýurdy. Taýak ýere düşen badyna, ýylana öwrüldi! Hudaý Musa ýylanyň guýrugyndan tutmagy buýurdy. Musa ony tutanda ýylan ýene taýaga öwrüldi. — Şuny Meniň halkymyň gözüniň öňünde et, şonda ol seniň Meni göreniňi biler — diýip, Hudaý aýtdy. Musa bu gezek razy boldumy? Ýok, ol kejirlik etmegini dowam etdirdi: — Ýöne men gowy gürläp bilemok, meniň sözümem düşmüksiz. Bu meselede-de oňa kömek etjekdigini aýdyp, Musa bilen Müsüre öz dogany Harunyň — dile çeper adamyň — bile gitjegine söz berdi. Musa Hudaýyň buýrugyny ýerine ýetirmejek bolup, nähili bahanalary oýlap tapdy? Şeýlelikde, Musa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň buýrugyny eşitdi, şonuň üçin indi özünden Hudaýyň näme isleýänini bilýär. Ol Onuň buýrugyny berjaý edip, Müsüre dolanyp bilýär. Ýa-da bolgusyz jedeli dowam etdiribem bilýär. Musa näme etdi? Ol özüne Hudaýyň buýran zadyny etme kararyna gelip, Müsüre gaýdyp gitmäge razy boldy. Musanyň gulak asanyna Hudaý hoşal boldy. Musa özünde güýjüň bardygyna şübhelenýärdi, ýöne Hudaýdan eşiden zatlary sebäpli örän birahat bolupdy. Şeýdip, Musa Hudaýyň halkyny halas etmek üçin Müsüre ýola düşdi. Hudaý bizden haýyş edýän zadyny etmekde bize kömek edýär. Doga edeliň Rebbim, käwagt Seniň bizden haýyş edýän zadyňy etmek bize kyn bolýar. Seniň buýrugyňy ýerine ýetirmekde bize batyrlyk ber we Seniň mydama we hemme ýerde biz bilen boljakdygyňa ynam ber. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň barmak islemeýän ýeriň barmy? Ol ýere gideniňde nähili duýgy duýýanyňy Hudaýa gürrüň ber. Soň Ondan birwagtlar Musa kömek edişi ýaly, saňa-da kömek etmegini sora. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Şeýlelikde, Musa aýalyny we ____________________ eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen __________________ hem aldy». Müsürden çykyş. 4:20 3. Hudaý özi bilen ýanyp duran şahalaryň arasynda gürleşende Musa goýun bakýardy. Bu kölege bäş goýnuň haýsysynyňky? «ÝOK!» Müsürden çykyş 7–10 Faraon Musanyň kuwwatly güýjüne ynandymy? Ýa-da ol Hudaýyň gudratygüýçlüdigine ynanmadymy? Мusa bilen onuň dogany Müsüre gaýdyp geldiler. Olar Hudaýyň Öz halkyny azat etmegi buýurýandygyny faraona aýtdylar, emma faraon olara ynanmady. Şonda Harun çоpan taýagyny ýere taşlady welin, ol şobada ýylana öwrüldi. Ýöne faraon öňküsi ýaly ynanmady we Hudaýyň halkyny goýbermek hakda eşitmegem islemedi. Ol: — Ýok! — diýdi. Мusa Hudaýyň — ýeke-täk hak Hudaýyň — Müsüriň ähli hudaýlaryndan güýçlüdigini faraona duýdurdy. Faraon öz hudaýlary hakda pikir etdi. Ol näme üçin Musanyň Hudaýynyň güýçlüdigini boýun almalymyşyn? Ol ýene: — Ýok! — diýdi. Şondan soň Hudaý müsürlileriň üstlerine betbagtçylyklar inderdi. Ol betbagtçylyklara «Hudaýyň jezalary» diýildi. Ilki Hudaý derýanyň suwuny gana öwürdi, soň hem, müsürlileriň üstlerine eýmenç gurbaga ýagdyrdy. Şonda Musa faraondan Hudaýyň halkyny goýberjekmidigini sorady. Faraon ýene: — Ýok! — diýip jogap berdi. Hudaý faraondan näme isleýärdi? Hudaý Müsüriň üstüne nähili belalary iberdi? Hudaý Müsüre agyryly çakýan kiçijik mör-möjekleri, ullakan siňekleri goýberdi. Ol mallara öldüriji keselleri iberdi. Başga bir gezek adamlaryň we mallaryň tenlerinde ýaralar peýda boldy. Soň Hudaý doly hem çekirtge goýberdi. Ahyrsoňy Müsüriň üstüne garaňkylyk indi. Faraonyň raýatlaryny eýmenç gorky gaplap aldy. — Indi sen Hudaýyň halkyny goýberermiň? — diýip, Musa sorady. Şeýlelikde, faraon wajyp saýlaw etmelidi. Ol Musanyň Hudaýynyň gudratygüýçli Hudaýdygyna ynanyp, Onuň tebigy güýçlere, mallara we adamlara ygtyýar edip bilýändigini boýun alyp bilýärdi. Şeýle bolanda, ol Hudaýyň halkyny goýberip bilýärdi. Ýa-da ol halky gulçulykda saklap hem bilýärdi. Faraon ýene: — Ýok! — diýdi. Hudaý Özüniň kuwwatyna faraonyň ynanmandygyna gynandy. Ol Musany Öz halkyny azatlyga çykarmak üçin iberipdi. Hudaý haçan hem bolsa bir wagt Musa bu işi etmäge kömek eder. Biz Hudaýyň gudratygüýçlüdigine we Onuň bizi söýýändigine berk ynanyp bileris! Doga edeliň Rebbim, bize Saňa we Seniň kuwwatly güýjüňe ynanmaga kömek et. Sen bizi söýýärsiň, bizem Seni söýýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen Hudaýyň gudratygüýçlüdigine, Onuň güýjüniň çäksizdigine ynanýarsyňmy? Ýatdan çykarma, Ol saňa kömege gelmek islände, Öz güýjüni ulanýar. Syrkawlanyňda, bir zada gynananyňda ýa-da gorkýan wagtyňda Hudaýyň saňa nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ber. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Soňra Reb Musa: «_____________________ ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: Meniň __________________ goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler˝». Müsürden çykyş 9:1 3. Faraonyň täjini reňkläniňde ýylanyň kellesi bir reňkde, aşaky daşlar başga reňkde bolsun. Islendik üç reňki ulan. Täçler dürli bolmalydyrlar. PESAH Müsürden çykyş 11–12 Hudaýyň halky özüni Hudaýyň halas etjegine ynandymy? Ýa-da ol özüni Hudaý Müsürden alyp çykyp bilmez diýip pikir etdimi? Faraon Hudaýyň halkyny Müsürden goýbermedi. Şol sebäpden hem, Hudaý bu ýurduň üstüne eýmenç jezalary goýberdi. Her gezekki jezadan soň Musa faraondan Hudaýyň halkyny goýberjekmidigini sorady, emma Müsüriň hökümdary her gezek oňa jogap berip: — Ýok! — diýdi. Hudaýda müsürlilere ölüm perişdesini goýbermekden başga alaç galmady. Ýöne Ol ilki bu jezadan Hudaýyň halkynyň gowy goralandygyna göz ýetirmek isledi. Şol sebäpden hem, Hudaý Musa näme etmelidigini başgalara gürrüň bermegi üçin jikme-jik görkezmeler berdi: — Öýüňiziň gapylarynyň söýelerine gan çalyň. Bu ölüm perişdesi üçin bu ýere özüniň girmeli däldigini aňlatma bolar. Çörek bişiriň, ýöne ony adatdakylaryňyzdan basymrak bişirmek üçin içine hamyrmaýa atmaň. Otda guzynyň etini bişiriň we ony iýýän wagtyňyzda, islendik minutda öýüňizden gitmäge taýýar boluň. Şeýlelikde, Hudaýyň halky wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa ynanyp, zerur zatlaryň hemmesini edip — gapylaryň söýelerine gan çalyp, basym çörek taýýarlap, agşamlyk edinip bilýärdi. Ýa-da Hudaýyň halky müsür gulçulygynda tapdan düşmegini dowam etdirip bilýärdi. Hudaý Öz halkyny ölüm perişdesinden nädip halas etdi? Hudaýyň halky Oňa ynandymy we gulak asdymy? Ýöne adamlar, ine, näme etdiler. Ölüm perişdesi şähere girmezinden öňürti olar gapylarynyň söýelerine guzynyň ganyny çaldylar. Olar hamyrmaýasyz hamyrdan çörek bişirdiler-de, özleriniň gulçulygynyň agyr döwriniň ýatlamasy hökmünde ony ajy otlar bilen iýdiler. Bu wagtda ölüm perişdesi eýýäm şäheriň köçelerinde aýlanyp ýördi. Оlar haýal etmän ýola düşer ýaly, eşiklerini çykarman iýdiler. Ölüm perişdesi golaýlaşdy. Ýöne guzynyň gany olary gorady. Ölüm perişdesi Hudaýyň halky ýaşaýan öýleriň deňinden geçip gitdi. Bu halkyň ýekeje adamy-da ölmedi. Ölüm perişdesi ähli müsürlileriň öýlerine girdi. Ol ahyrsoňunda faraonyň köşgüne girdi. Şol gije faraon Musa näme diýdi? Şol gije faraon Musa bilen Harunyň yzyndan adam iberdi-de, olara: — Müsürden gidiň! — diýdi. Hudaýyň halky azatdy! Öz halkynyň Özüne ynanyp, hemme zady Onuň buýruşy ýaly edenine Hudaý hoşal boldy. Hudaý olary aman saklady-da, olara azatlyk berdi. Biz Hudaýa ynanyp hem gulak asyp bileris, sebäbi Ol bizi ähli ýamanlyklardan goramak isleýär. Doga edeliň Rebbim, bizi her hili ýamanlyklardan halas edýäniň üçin Saňa minnetdar. Bizi günälerden halas etmegi üçin Isany goýberen Saňa minnetdarlygymyz nähili uly! Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Hudaý bizi her hili ýamanlyklardan halas edip bilýär. Ol bizi günäden saplap bilýär. Sen Hudaýyň kömegi bilen nämeden saplanmak isleýärsiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli _____________________, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli ________________ ________________». Müsürden çykyş 12:12 3. Bu kölege dört eşegiň haýsynyňky? Şol eşegi tap-da, ony reňkle. DEŇZIŇ IÇINDE GURY ÝERIŇ ÜSTI BILEN Müsürden çykyş 13:17–14:31 Hudaýyň halky özüni Musanyň deňziň içinden alyp geçjegine ynandymy? Ýa-da adamlar Hudaý Musa kömek edip bilmez diýip pikir etdilermi? Мusa bilen Hudaýyň halky Müsürden şatlanyp çykdy. Olar ýanlary bilen eşeklerini we geçilerini, sygyrlaryny we goýunlaryny aldylar. Müsürde Hudaýyň halkyndan ýekeje adam hem galmady. Olaryň hemmesi özleriniň atalary Ybraýymyň ýurduna gitdiler. Uly adamlar hem çagalar gitdiler. Ýaşlar hem garrylar gitdiler. Indi olar betniýet faraonyň gullary däl! Daşyndan seredeniňde olar, edil ajaýyp dynç alşa barýan ýaly bolup görnen bolsa gerek. Faraon bolsa Müsürde galdy. Onuň gorkusy aýrylanyndan soň, ol gussa batdy, soň hem, gazaplandy. Gazaplanan faraon Musany aldaw bilen Hudaýyň halkyny goýbermäge mejbur etmekde aýyplady. Faraon alty ýüz esger ýygnap, gaçgaklaryň gözlegine çykdy. Olar çalt ýöreýän at arabalaryna atlanyp, ýanlaryna naýzalaram aldylar. Musany saklap, Hudaýyň halkyny Müsüre gaýtaryp getirme karary olary gurşap alypdy. Hudaý Öz halkyny gitdigiçe uzaga alyp gitdi. Gündizine Ol bulut sütüni bolup, gijesine bolsa, ot sütüni bolup, adamlara ýol görkezdi. Ahyrsoňy olar öňlerinde Gyzyl deňziň aňyrsyna bärsine göz ýetmeýän suwuny gördüler. Bulut hem ot sütüni nädip Hudaýyň halkyna kömek etdi? Näme üçin halk gorkdy? Оlar yzlaryna seredenlerinde, çölüň içinde uzaklarda tozanyň göterilýänini gördüler. Tozan buludynyň içinde olar, gaçgaklaryň yzyndan ýetmäge we olary güýç bilen Müsüre alyp gitmäge howlugyp gelýän, faraony hem onuň esgerlerini gördüler! Hudaýyň halky gorkdy. Halk öňünde deňzi, yzynda bolsa, faraony hem onuň esgerlerini görýärdi. Şoňa görä-de, adamlar kömek etmegini sorap, Hudaýa ýalbaryp başladylar. Ýöne soň olar Musa gaharlandylar: — Sen näme üçin bizi Müsürden çykardyň? Biz ol ýerde, öňkimiz ýaly, gul bolup galybererdik. Bu şu ýerde çöllükde ölenimizden-ä gowy bolardy. Мusa adamlary köşeşdirip we ruhlandyryp başlady: — Gorkmaň. Size diňe Hudaýyň siziň aladaňyzy edişini görmek gerek. Ol faraony-da, onuň esgerlerini-de ýok eder we sizi gorar. Şeýlelikde, Hudaýyň halky wajyp saýlaw etmelidi. Adamlar özleriniň serdary Musa ynanyp, oňa nähili hereket etmelidigini Hudaýyň aýdaryna garaşyp bilýärdi. Ýa-da olar özleriniň güýçlerine daýanyp, mundan beýläk näme etmelidigini oýlap tapyp bilýärler. Eger adamlar özlerine Hudaý kömek edip bilmeýär diýen karara gelen bolsalar, belki, Müsüre gaýdyp giderdiler. Näme üçin Musa gowy serdardy? Ine, Hudaýyň halky näme etdi. Halk öz serdary Musa seretdi. Musa şu wagtjyk Hudaý bilen gürleşipdi-de, Onuň isleýän zadyny edýärdi. Musa hasasyny saklap duran elini göterdi-de, deňze tarap uzadyp durdy. Edil şol wagt güýçli ýel turdy-da, suwuň ýüzüni çaýkady. Ýel uzak gije öwüsdi. Daňa golaý deňziň suwy ikä bölündi-de, deňziň ortasynda gury ýer açyldy. Hudaýyň halky haýal etmän, deňziň beýleki kenaryna alyp barýan bu ýola düşdi. Adamlaryň ýanlarynda goýunlar, geçiler, sygyrlar hem eşekler barýardy. Ýoluň iki tarapynda-da tolkunlar atylyp hem suw çyrpynyp durdy. Olaryň yzynda faraonyň olara golaýlap gelýän at arabalary uly goh edýärdi. Emma Hudaýyň halky özüni doly howpsuzlykda duýup, deňziň içi bilen gury ýerden ýöräp barýardy. Soňky guzy kenara çykanyndan soň Hudaý Musa ýene hasasyny deňze tarap uzatmagy buýurdy. Ol şeýle eden badyna, suw özüniň öňki ýerine bardy-da, açylan gury ýeri örtdi. Tolkunlar birikdi-de, faraony we esgerlerini hem-de olaryň at arabalaryny basdy. Hudaýyň halky özüniň Musa ynananyna begendi. Musa gowy serdardy. Ol Hudaýa gulak asdy, şol sebäpden hem Hudaý oňa mümkin däl ýaly bolup görnen ýerde-de halky goramaga kömek etdi. Biz Hudaýy söýýän adamlara ynanyp, olaryň özümize ýolbaşçylyk etmegine rugsat edip bileris. Doga edeliň Rebbim, bolýan zatlaryň hemmesine erk edýäniň üçin Saňa minnetdar! Bize kömek gerek bolanda bize ýolbaşçylyk edýän adamlara näme etmegiň gerekdigini görkezýäniň üçin Saňa minnetdardyrys. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Nähili hereket etmelidigine düşünmegiň üçin saňa nähili ýagdaýlarda Hudaýyň kömegi gerek? Sen nähili pikir edýärsiň, näme etmelidigiňi saňa ýene kim aýdyp biler? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Reb olaryň öňünden ýol görkezip, ______________________ bolup, gijesine bolsa ____________________ bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler». Müsürden çykyş 13:21 3. Iki suraty deňeşdirip, 5 tapawut tap. HUDAÝYŇ GOWY TABŞYRYKLARY Müsürden çykyş 19:16–20:21; 31:18; Kanun taglymaty 5 Musa Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asdymy? Ýa-da ol olar hakda hiç zat bilmek islemedimi? Мusa bilen Hudaýyň halky Ybraýymyň ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdi. Hudaý olary gorady we mydama olaryň ýanynda boldy. Bir gün Hudaý Musa dagyň ýokarsyna galmagy buýurdy. Hudaýda Öz halky üçin birnäçe tabşyryklar bardy. Adamlar Hudaýdan gorkýardylar, şol sebäpden hem, Hudaý Musa bu tabşyryklary diňlemegi buýurýar. Öz kanunlarynyň we tabşyryklarynyň adamlara durmuşynda ugur almak üçin zerurdygyny Hudaý bilýärdi. Adamlara Hudaýy we biri-birlerini nähili söýmelidigini bilmek gerekdi. Hudaý şol kanunlary Musa Özüniň aýratyn sowgady hökmünde bermek isledi. Hudaý adamlary şeýle bir gowy görýärdi welin, şoňa görä-de, olaryň bähbidi üçin Öz tabşyryklaryny berme kararyna geldi. Adamlar Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolup ýaşanlarynda, olarda hemme zatlar gowy bolýar. Näme üçin Hudaý Öz halkyna tabşyryk bermek isledi? Näme üçin Hudaý şol tabşyryklary Musanyň diňlemegini isledi? Şeýlelikde, Musa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň tabşyryklaryny eşidip, olary nädip ýerine ýetirmelidigini we bagtly bolmalydygyny adamlara aýdyp bilýär. Ýa-da ol Hudaýy diňlemek hökman däl diýip hem bilýär. Мusa Hudaýy diňleme kararyna geldi. Şeýdip, Hudaý oňa Öz tabşyryklaryny berdi: 1-nji tabşyryk: Hudaýy beýleki zatlaryň hemmesinden-de artyk söý. 2-nji tabşyryk: Нiç hili hudaýlar ýasama we olara tagzym etme. 3-nji tabşyryk: Hudaýyň adyny mydama hormat bilen aýt. 4-nji tabşyryk: Hepdäniň bir gününi Hudaýy şöhratlandyrmaga bagyş et. 5-nji tabşyryk: Öz ene-ataňy söý we syla. 6-njy tabşyryk: Adam öldürme. 7-nji tabşyryk: Äriňi ýa-da aýalyňy ölýänçäň söý. 8-nji tabşyryk: Ogurlyk etme. 9-njy tabşyryk: Başgalara töhmet atma. 10-njy tabşyryk: Başgalaryň zadyna göz gyzdyrma, ol zat seniň pikiriňi güýçli eýelemesin. Hudaýyň näçe sany tabşyrygy bardy? Hudaý Öz tabşyryklaryny iki sany tekiz daşa ýazdy. Daşyň ýüzündäki ýazgylar örän wajypdy. Eger adamlar Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirseler, onda olar bagtly bolýarlar. Hudaý hem, olardan hoşal bolýar. Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmeklik bizi bagtly edýär! Doga edeliň Rebbim, bize Öz ýagşy tabşyryklaryňy bereniň üçin Saňa minnetdar. Olar bizi goraýar, şeýle hem adamlar bilen we Seniň bilen agzybirlikde ýaşamaga bize kömek edýär. Mydama dogry saýlaw etmäge we Seniň tabşyryklaryňy berjaý etmäge bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Hudaýyň on tabşyrygynyň iki-üç sanysyny saýla-da, olary berjaý etseň näme sebäpden bagtly bolýandygyňy düşündir. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ________________ berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy». Müsürden çykyş. 31:18 3. Bu suratda 1 den 10 a çenli sanlar gizlenen. Olary tap. МUSA ÝITDI! Müsürden çykyş 32–34 Harun beýlekiler bilen bilelikde Musanyň gaýdyp gelmegine garaşanda Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etdimi? Ýa-da ol olary bozdumy? Musa dagyň ýokarsynda Hudaý bilen gürleşýän wagtynda, halk oňa aşakda, jülgede garaşdy. Musa uzak wagtlap gelmedi. Soň ol ýere düşdi, ýöne köp wagtlyk däl, ol ýene dagyň üstüne çykyp gitdi. Bu gezek ol has uzak wagtlap gelmedi, şonuň üçin adamlar özleriniň serdarynyň diridigine şübhelenip başladylar. Adamlar eger Musa beýle uzak wagtlap gelmedik bolsa, belki, ol hiç haçanam gelmez diýip pikir edip başladylar. Eger Musa bolmasa, onda onuň ýerine Hudaý bilen kim gürleşer? Hudaýyň halky indi özlerine başga hudaý gerek diýen netijä geldiler. Olar müsürlilerde köp dürli hudaýlaryň bolandygyny ýada saldylar. Müsürliler daşdan kesip ýa-da palçykdan hudaýlaryň şekilini, ýagny but ýasaýardylar. Käbir butlary, hatda gyzyldan hem guýýardylar. Ýöne Hudaýyň halky ol hudaýlaryň hakyky Hudaý däldigini we hiç hili güýçleriniň ýokdugyny ýatdan çykarypdy. Butlary ýada salanlarynda adamlar altyn şaý-seplerini çykardylar-da, olary Musanyň dogany Haruna berdiler. Olar özleriniň görüp biljek we doga edip biljek hudaýynyň heýkelini altyndan ýasap bermegini sorap, oňa ýalbardylar. Şeýlelikde, Harun wajyp saýlaw etmelidi. Ol adamlara gyzyllaryny almalydyklaryny, sebäbi Musanyň gaýdyp geljekdigini aýdyp bilýärdi. Ol Hudaýyň Öz halkyny terk etmändigine we elbetde, ony Ybraýymyň ýurduna alyp barjakdygyna ynanyp bilerdi. Ýa-da ol adamlaryň getiren şaý-seplerini eredip, olardan hemmeler görüp biler ýaly but ýasap bilýärdi. Belki, Musa dogrudanam, hiç haçan gelmez we onuň deregine Hudaý bilen hiç kim gürleşmez. Näme üçin adamlar özlerine başga hudaý gerek diýen netijä geldi? Harun näme etdi? Ol altyndan ullakan göläniň heýkelini guýdy we hemmeleriň şol göläni özlerini Müsürden alyp çykan hudaý diýip atlandyrmagyna rugsat etdi. Olar altyn gölä tagzym edip başladylar, sebäbi Musa indi hiç haçan gaýdyp gelmeýär, şol sebäpden hem, olar üçin Hudaý bilen hiç kim gürleşip bilmeýär diýip pikir edýärdiler. Adamlar altyn gölä tagzym edip ýörkäler Musa gaýdyp gelýär. Ol öz halkyna şeýle bir gaharlandy welin, hatda elindäki Hudaýyň tabşyryklary ýazylan iki daş sahypany hem ýere urup döwdi. Musa Harundan: — Sen näme etdiň? — diýip sorady. — Gaharlanma — diýip, Harun jogap berdi. Ýöne Musa eden zatlary üçin, oňa we bütin halka Hudaýyň nähili gaharlanandygyny düşündirýär. Adamlar Harunyň guýan altyn gölesine näme etdiler? Hudaý Öz halkyna gaharlandy, Musanyň haýyşyna gulak asyp, näme etdi? Мusa ýene Hudaýyň ýanyna gidip, Ondan Öz halkyny ýok etmezligi haýyş edýär. Ine, ol başga iki sany daş sahypany eline alyp, dagdan düşüp geldi. Täze daş sahypalarda, öňki daş sahypalarda bolşy ýaly, Hudaýyň tabşyryklary ýazylgydy. Hudaý Musadan hoşaldy, şonuň üçin onuň haýyşyny ýerine ýetirdi. Hudaý Öz halkyny Ybraýymyň ýurduna alyp barmaga beren wadasyndan ýüz öwürmedi. Köp ýyllap jahankeşdelik edenden soň, Hudaýyň halky Onuň wada beren ýurduna baryp ýetýär. Garaşmak aňsat däl, ýöne, eger Hudaýa gulak assak, onda garaşmaklyk beýle uzak bolup görünmeýär. Doga edeliň Rebbim, mydama Saňa gulak asyp ýörmäge bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Вiziň hemmämizem käwagt kimdir birine ýa-da nämedir bir zada garaşmaly bolýarys. Senem käwagt kimdir birine ýa-da nämedir bir zada garaşmaly bolýarsyňmy? Garaşýan wagtyňda mesihilik aýdymyny aýtmaga ýa-da Mukaddes Kitap aýatlaryny gaýtalamaga çalyş. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ol (Musa) düşelgä ýakyn gelen badyna ____________________ we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ___________________________ zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde _______________ boldy». Müsürden çykyş 32:19 3. Suratdaky Musanyň uly doganynyň adyny düzýän harplary tap. «SURNAÝLARY ÇALYŇ!» Kanun taglymaty 34; Ýeşuwa 6 Ýeşuwa Hudaýyň Ýeriho babatdaky görkezmelerini ýerine ýetirdimi? Ýa-da ol öz meýilnamasy boýunça hereket etdimi? Hudaýyň halky kyrk ýyllap çölde sergezdançylyk çekdi. Nähili köp! Bu wagtyň dowamynda çagalar ulalyp, özleriniň maşgalalaryny gurdular. Olaryň köpüsi mamalar hem babalar boldular. Çagalar ulaldylar, ulular garradylar we köpüsi çölde öldüler. Ahyrsoňy Hudaýyň halky bilen Musa Ybraýymyň ýurduna baryp ýetdiler. Täze ýurt edinmek üçin olara diňe Iordan derýasyndan geçäýmek galypdy. Ol wagt Musa eýýäm örän garrapdy. Iordanyň beýleki kenarynda ýaýylyp ýatan ýurda gözüni aýlamagy üçin Hudaý Musa daga çykmagy buýurdy. Musa wada berlen ýurdy gördi-de, şol ýerde jan berdi. Мusa gowy serdardy. Ol ölenden soň, Hudaý Öz halkyna gowulykda ondan pes bolmadyk başga bir serdary — Ýeşuwany berdi. Täze serdar adamlary Iordanyň beýleki kenaryna alyp geçdi. Ine-de, olar örän berk diwarlar bilen gurşalan ullakan Ýeriho şäherine gelip ýetdiler. Bu şäheriň ýaşaýjylary özleriniň ýurdunyň Hudaýyň halkynyňky bolmagyny islemeýärdiler. Bu ýurdy Öz halkyna bermäge Hudaýyň söz berendigini Ýeşuwa bilýärdi. Şonuň üçin ol Hudaýy diýseň ünsli diňledi, sebäbi Hudaý oňa öz maksadyny açyk bildiripdi. Hudaý Ýeşuwa: «Meniň halkym alty günüň dowamynda bir gezek Ýerihonyň diwarlarynyň daşyndan aýlananda sen oňa ýolbaşçylyk edersiň. Ýedinji gün bolsa, şäheriň daşyny ýedi gezek aýlanyň. Surnaýçylar surnaýy gaty çalmalydyrlar. Soň halk güýjünde baryny edip gygyrsyn. Siz şeýle edeniňizde, Ýerihonyň diwarlary ýykylar» — diýdi. Musa ölenden soň, kim Hudaýyň halkynyň serdary boldy? Hudaý Ýeşuwa näme etmegi buýurdy? Şeýlelikde, Ýeşuwa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýa gulak asyp, halky ýygnap we ony Ýerihonyň diwarlarynyň daşyndan aýlap bilýärdi. Käbirleriniň mundan hiç hili gowy zat çykmaz diýip pikir etmekleri mümkin. Mundan başga-da, Ýerihonyň ýaşaýjylarynyň olaryň üstlerinden gülmekleri mümkin. Ýöne Hudaý şäheri diňe şeýle edip alyp biljekdigini aýtdy. Ýa-da Ýeşuwa öz adamlaryny Iordanyň beýleki kenaryna alyp gidip, Hudaýyň özlerine bermek islän ýurduny almaga hiç haçan synanyşmanam bilýärdi. Galyberse-de, Ýerihonyň diwarlary şeýle güýçli görünýärdi ahyry. Ine, Ýeşuwa näme etdi. Ol adamlaryny ýygnady-da, olar bilen günde bir gezek Ýerihonyň daşyny aýlandy. Ol birinji, ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji we altynyjy gün şeýle etdi. Şol günlerde surnaýçylar surnaýlaryny gaty çaldylar. Ýerihonyň diwarlary näme sebäpden ýykyldy? Ýedinji gün hemmeler ýene hatara durdular-da, şäheriň daşyny ýedi gezek aýlandylar. Surnaýçylar ýene surnaýlaryny gaty çaldylar. Olar şäheriň daşyny ýedinji gezek aýlananlarynda, surnaýçylar has-da gaty çaldylar. Soň Ýeşuwa: — Wagt boldy! Gygyryň! — diýip buýruk berdi. Şeýdip, hemmeler güýçlerinde baryny edip gygyrdylar. Olar şeýle edenlerinde Ýerihonyň diwarlary ýykyldy! Indi Hudaýyň halky özüne Hudaýyň wada beren ýurduna girip bildi. Ýeşuwanyň Öz görkezmesini ýerine ýetireni üçin Hudaý begendi. Hudaýyň halky hem begendi. Indi bu halkyň öz ýurdy bardy, Hudaý hem olar bilendi. Biz doga-dileg edenimizde, Hudaýyň bize dogry görkezmeleri berjegine ynanyp bileris. Doga edeliň Rebbim, Seniň maksatlaryň mydama gowy! Öz halkyňa berýan pähimli maslahatlaryň üçin Saňa minnetdar. Mydama Seniň ýollaryňdan ýöremäge bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň maşgalaňda haýsydyr bir mesele üçin doga edeniňizde Hudaýda ony çözmegiň adatdan daşary çözgüdiniň bar ekendigini bildiňizmi? Onuň görkezmelerine eýermek size aňsat düşýärmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Şeýdip, adamlar ____________________ sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň _________________ýykyldy». Ýeşuwa 6:19 3. Iki suraty deňeşdir-de, 5 tapawudy tap. BİLE GİTMEK Rut 1–4 Rut Nagomyny gowy görýärdimi we oňa gowy seredýärdimi? Ýa-da ol Nagomyny ýatdan çykarmak isledimi? Нudaýyň Öz halkyna beren ýurdunyň golaýynda Rut atly bir ýaş gelin ýaşaýardy. Ol Hudaýyň käbir adamlarynyň öz ýurduna göçüp gelenine begenýärdi. Olaryň ýaşaýan ýurdunda açlyk başlananda, dört adamdan ybarat bolan bir maşgala olaryň ýanyna göçüp geldi. Rut begendi, sebäbi bu maşgaladan bolan ýigit onuň adamsy boldy. Emma Rutuň bagty uzaga çekmedi. Köp gaýgyly wakalar bolup geçdi. Bu maşgalanyň başy aradan çykdy. Soň Rutuň adamsy we adamsynyň dogany öldi. Dört adamdan ybarat bolan maşgaladan diňe ejesi galdy. Onuň ady Nagomydy. Оl özüniň ata watanyndan uzakda ýaşaýardy. Nagomy öz ýurdunda gowy galla hasylyny ýygnandyklaryny eşitdi. Şonuň üçin ol özüniň dogduk şäheri Beýtullahama gaýdyp gitme kararyna geldi. Nagomynyň ölen ogullarynyň aýallary bolan gelinleri onuň bilen bile gitjekdiklerini aýtdylar. Olaryň biriniň ady Rutdy, beýlekisi Orpady. Nagomy gelinleri özleriniň ýurdunda galsa gowy bolar diýip pikir etdi we muny olara aýtdy. Orpa Nagomy dogry aýdýar diýen karara geldi-de, gaýyn enesini ogşap, onuň bilen hoşlaşdy. Indi Rut hem wajyp karara gelmelidi. Ol Nagomy bilen Hudaýyň halkynyň ýaşaýan ýurduna gidip, Nagomynyň Hudaýyny, edil onuň söýşi ýaly söýüp bilýärdi. Ýa-da ol gaýyn enesini goýup, özüniň atasy öýüne gidip hem bilýärdi. Ol öz ýurdunda ýaşap, Nagomynyň söýýän Hudaýyny unudyp bilýärdi. Rutuň Nagoma bolan söýgüsi nämede ýüze çykdy? Rut dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Ine, Rut näme diýdi: — Nagomy, sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Seniň halkyň meniň halkym bolar, seniň Hudaýyň meniň hem Hudaýym bolar. Garry aýal özüniň ýurduna ýeke gaýdyp barmaly boljak däldigine begendi. Olar Beýtullahama uzak ýoldan aç hem ýadap geldiler. Bowaz atly bir adam özüniň atyzlarynda iýmite mätäç adamlar üçin bugdaý başlaryny galdyrýardy. Garyplar bugdaý başlaryny ýygyp alyp bilýärdiler. Rut hem bugdaý başlaryny ýygmak üçin şol atyza gelýär. Soň ol özi hem Nagomy üçin çörek bişirdi. Воwaz Rutuň garry aýala gowy seredýänini görýärdi. Ol Rut gaýyn enesini, edil öz ejesi ýaly, gowy görýär diýip bilýärdi. Bowaz bu iki aýalda ýaşamak üçin zerur zatlaryň hemmesiniň bardygyna göz ýetirmek isledi. Bowaz Rutuň Nagoma nähili söýgi bilen garaşyk edýänini gördi. Ol hut şunuň ýaly gowy aýaly almagy arzuw edýändigine düşündi. Şeýdip, ol günleriň birinde Rutdan özüne durmuşa çykmagyny haýyş etdi. Nagomy diýseň begendi! Indi ol Rutuň Nagomynyň ata-babalarynyň ýurdunda ýaşajakdygyny, onuň hem bu ýerde bagtly boljakdygyny bilýärdi. Rutuň täze maşgalasy nähilidi? Tizara Rut bilen Bowazyň ogly boldy. Çagajyk Obet Nagomynyň ilkinji agtygy boldy! Nagomy dünýädäki iň bagtly ene boldy. Bowaz iň bagtly kaka boldy. Rut iň bagtly eje boldy. Obet örän bagtly çaga boldy. Hudaý hem begendi. Ol gowy aýal Rutuň Hudaýyň özüne beren maşgalasynyň aladasyny şeýle söýgi bilen edýänine hoşal boldy. Maşgalada hemmeleriň biri-birine mähirli bolmagy Hudaýa ýaraýar. Doga edeliň Rebbim, öý ojagymyň ýylylygy üçin Saňa minnetdar. Biziň maşgalamyzdakylaryň hemmesiniň biri-birini gowy görmegine kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öz ýakynlaryň üçin nähili gowy iş edip bilýärsiň? Seniň maşgalaň bar zadyny mätäçler bilen nädip paýlaşyp biler? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynyň birnäçe sözleri ýazylmandyr. Olary ýaz. «Rut arpa oragynyň we bugdaý oragynyň möwsümi gutarýança, _______________________ wagtynda Bowazyň gelin-gyzlarynyň ýanynda bolup, _____________________ bilen bile ýaşaberdi». Rut 2:23 3. Nagomy bilen Ruta Beýtullahama barmaga kömek et. «SAŇA ÝALBARÝARYN, MAŇA OGUL BER!» 1 Şamuwel 1:1–2:21 Hanna öz dogasyna Hudaýyň jogap berjegine ynandymy? Ýa-da ol dogalaryna jogap almaryn diýip pikir etdimi? Gaýgy Hannanyň mydama hemrasy bolýardy. Bu aýal ajaýyp öýde ýaşaýardy we ony arassa hem tertipli saklaýardy. Onuň adamsy güýçli hem gowy adamdy. Hannanyň bir zady — çagasy ýokdy, bu hem ony gynandyrýardy. Her ýyl Hanna bilen adamsy belli wagtda Hudaýa tagzym etmek üçin doga etmäge gidýärdiler. Olar tutuş Hudaýyň halkynyň girýän ýeri bolan çadyr diýilýän ullakan ýere girdiler. Nobatdaky gezek hem, olaryň ol ýere gitmeli wagty gelip ýetdi. Şeýlelikde, Hanna wajyp saýlaw etmelidi. Ol çadyra Hudaýa doga etmek üçin gidip bilýärdi. Ol Oňa özüniň ýüregindäkileri gürrüň berip bilýärdi. Şeýdip, ol öz dogalaryny Hudaýyň eşitjegine we olara jogap berjegine ynanyp bilýärdi. Ýa-da Hanna öýünde galyp, gussa batyp oturyp bilýärdi. Ol Hudaýdan şeýle köp wagtlap çaga diläpdi ahyry, şeýle-de bolsa, onuň şu wagta çenli-de çagasy ýokdy. Belki, Hudaý onuň dogalaryny eşidýän däldir? Hanna näme etdi? Ol adamsy bilen Hudaýa sežde edilýän ýere gitdi. Ol çadyra girip doga etmäge başlady. Ol özüniň uly hasratynyň bardygyny Hudaýa aýtdy we beýleki aýallar çagalary bilen gürleşende özüni ýeke duýýandygy hakda Oňa gürrüň berdi. Ol öz adamsy we öýi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi, ýöne ol Hudaýdan özüne çaga bermegini sorady. Hanna näme üçin hasrat çekýärdi? Ol doga etmek üçin nirä gitdi? Mundan başga-da, Hanna Hudaýa wada berdi. Ol eger özünde ogly bolsa, onda şol çagasyny Rebbe gulluk etmegi üçin ömürlik berjekdigine söz berdi. Ol oguljygy ulalan badyna ony çadyra alyp geljekdigini aýtdy. Şol gün çadyrda Eliý gulluk edýärdi. Ol Hannanyň aglap doga edip oturan ýerine golaý otyrdy, şonuň üçin hemme zady eşitdi. Ol Hanna dogalaryna Hudaýyň jogap berjekdigini aýtdy. Bu aýal gaýgylanmasyny bes edip, öýüne begenip gaýtdy. Onuň entek çagasy ýokdy, ýöne begenýärdi, sebäbi ol Hudaýa doga edip, Oňa ýüregini döküpdi, şol sebäpden hem, ýüregindäki gaýgysy ýok bolupdy. Şondan bir ýyl geçmänkä Нannanyň ogly boldy! Hudaý onuň dogasyny eşitdi! Hanna çagasyny diýseň gowy görýärdi. Ol oňa Şamuwel diýip at dakdy. Ol onuň eljagazlarynyň we aýajyklarynyň barmaklaryny ogşaýardy. Ol çagajygy hüwdüleýärdi, suwa düşürýärdi we naharlaýardy. Hudaý Hannanyň dogalaryna nähili jogap berdi? Şamuwel Hudaýa nähili gulluk etdi? Şamuwel ulaldy we çadyrda gulluk eder ýaly ýaşa ýetdi. Şonuň üçin Hanna bilen adamsy ony Hudaýa gulluk etmek üçin Eliýiň ýanyna alyp bardylar. Şamuwel gowy kömekçi boldy. Her ýyl Hanna ogluny baryp gördi we oňa täze eşik getirdi. Ol şeýle gowy ogul bereni üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirmekden ýadamady. Hanna geljekki çagasy üçin dynman doga edenine begendi. Hudaý hem, öz dogasyna Hudaýyň hökman jogap berjegine ynanany sebäpli Hanna üçin şatlandy. Hudaý kiçijik Şamuweliň aladasyny etdi. Oglanjyk ulaldy we Hannanyň söz berşi ýaly, bütin ömrüni Hudaýa gulluk etmäge bagyş etdi. Hudaýa doga etmek — bu mydama dogrydyr! Doga edeliň Rebbim, biziň öz isleglerimiz we duýgularymyz hakda mümkinçilik berýäniň üçin Saňa minnetdar. Bizi mydama diňleýäniň we aladamyzy edýäniň üçin Saňa minnetdar. Biziň dogamyza haçan we nädip jogap bermelidigini bilýäniň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öz dogalaryňda Hudaýdan näme dileýärsiň? Ol dogalaryňa mydama jogap berip, seniň isleýän zadyňy berýärmi? Ýatda sakla, Hudaý saňa derrew jogap bermänem bilýär, şonuň üçin sen garaşmaly bolýarsyň ýa-da seniň bähbidiň üçin jogap bermänem bilýär. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ine, şu çaga üçin ___________ ___________. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä men ____________________ Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň __________________ bolsun» diýdi. 1 Şamuwel 1:27–28 3. Doga edip oturan Hannanyň iki suratyny deňeşdir-de, bäş tapawudy tap. ÄPET ESGER 1 Şamuwel 17 Dawut batyr adamdymy? Ýa-da ol Jalutdan gorkdumy? Dawut! Dawut! — diýip, kimdir biriniň sesi uzakdan ony çagyrdy. Dawut örüde otlap ýören goýunlaryň arasynda otyrdy, şonuň üçin hem özüni çagyrýanyň sesini eşitmedi. Ýaş çopan gusli çalyp, Hudaýyň dünýäsini wasp edýärdi. Dawut öz sürüsine golaý gelen ýolbarsy kowşuny ýatlaýardy. Ol sapanyny aýlap, birnäçe daşy atdy welin, ýolbars gaçyp gitdi. Ses has gaty ýaňlandy: — Dawut, bar öýe git! Gusliniň sesi kesildi, Dawut hem derrew öýüne ylgap gitdi, ol ýerde oňa kakasy garaşýardy. — Sen uly doganlaryň ýanyna git. Olar beýleki esgerler bilen bile uly goşunyň hatarynda gulluk edýärler, şonuň üçin olaryň ýagdaýlarynyň nähilidigini meniň bilesim gelýär. Olara çörek, peýnir we başga-da iýer ýaly zatlardan alyp git — diýip, kakasy oňa aýtdy. Şeýdip, Dawut eline torbasyny we guslisini alyp, doganlaryny gözlemäge gitdi. Oňa kakasynyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek gerekdi. Dawut beýleki esgerleriň arasynda doganlaryny gözläp ýörkä, goşunyň söweşjeň ruhy ýitirenini duýdy. Mydama şeýle batyr görünýän doganlary hem, bir zatdan gorkýan ýaly bolup görünýärdi. Olar Dawuda duşmanyň goşunynda bir esgeriň bardygyny, onuň bilen söweşmäge hiç kimiň het edip bilmeýändigini gürrüň berdiler. Ol esgeriň ady Jalut, ol duranja bir pil mahmyt, äpet bela! Jalut adatdan daşary ullakan adam. Elleri äpet, eginleri äpet. Üstesine-de, boýy juda uzyn! Esgerler nämeden gorkýardy? Näme üçin Dawut Jaludy ýeňip bilerin diýip pikir edýärdi? Şeýlelikde, Dawut wajyp saýlaw etmelidi. Ol eger Jalut bilen söweşse, onda öz tarapynda Hudaýyň durjagyna ynanyp bilýärdi. Ýa-da ol öýüne gaýdyp bilýärdi. Üstesine-de, Jaludyň daş keşbi, dogrudanam, howsala salyjydy. Ine, Dawut näme etdi. Ilki ol esgerlere Jalut bilen özüniň söweşjekdigini aýtdy, soň hem, patyşa ýüzlendi: — Meni ýolbarsdan goran Hudaý, äpet adamdanam gorar. Şawul patyşa ikirjiňlendi: — Sen söweşerden juda ýaş. Ýöne Dawudyň nähili batyrdygyny patyşa gürrüň berenlerinde, ol oňa rugsat berdi. — Bar, Alla ýaryň bolsun! Patyşa Dawuda demir tuwalga geýmegi teklip etdi, emma ol geýmedi. Dawut gylyjam almady, sebäbi onda urşup bilmeýärdi. Ýaş esger patyşa şeýle diýdi: — Men öz geýmimde gitjek, elime-de sapanymy aljak. Dawut eline bäş sany ýylmanak daş alyp, Jaluda tarap ýöredi. Jalut öz garşydaşyny gören badyna, çopanjygyň üstünden gülüp başlaýar. Ol şeýle bir gülýär welin, hatda Dawudyň elinde saklap duran sapanyna daş salanynam görmedi. Ýaş ýigidiň kellesiniň ýokarsynda sapanyny aýlap duranyna äpet adam hiç hili üns hem bermedi. Jalut näme bolýanyna asla düşünmedi. Ahyrsoňy sapandan okdurylyp gaýdan daş onuň göni maňlaýyna degip, ol ýere ýazyldy. Jaluda näme boldy? Jaludyň ýykylanyny görenlerinde, Dawudyň doganlaryna we beýleki esgerlere öňki batyrlygy gaýdyp geldi. Eger Dawut Jaludy ýeňip bilen bolsa, onda olar islendik duşman bilen hem söweşip bilerler. Şol gün Şawul patyşanyň goşuny ýeňiş gazandy. Berekella, Dawut! Dawudyň batyrlygy Hudaýa ýarady. Dawut hem, Hudaýyň kömek etjegine bolan ynamyny ýitirmändigine begendi. Biz Hudaýyň özümizi gorajagyna ynanyp, batyr bolup bileris. Doga edeliň Rebbim, bize Saňa bil baglap batyr bolmaga kömek et. Näme edende özümize zyýan ýetmän galjagyny bilmegi Seniň öwretjegiňi biz bilýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Seniň dostlaryň we ýakynlaryň bezzatlara we garagollara nädip garşylyk görkezýärler? Şonuň ýaly ýagdaýlarda sen nähili hereket edýärsiň? Dawut sapanyndan peýdalandy, ýöne sen, belki, garagola üns bermän ýa-da oňa ulularyň ünsüni çekip, ýa-da onuň üçin doga edip bilersiň. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Dawut: «Meni ______________ we __________________ penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. 1 Patyşalar 17:37 3. ÖMÜRLIK DOSTLAR 1 Şamuwel 18:1–4; 20 Ýonatan Dawudyň hakyky dostumydy? Ýa-da ol Dawuda kömek etmedimi? Ýonatan bilen Dawut düýbünden dürli adamlardylar. Dawut çopandy, Ýonatan bolsa, patyşanyň ogludy. Çopan garypdy, patyşanyň ogly bolsa baýdy. Biri sapany ussatlyk bilen ulanýardy, beýlekisi bolsa, ýaý atýardy. Ýöne nähilidir bir usul bilen Dawut hem Ýonatan iň gowy dostlar bolýarlar. Bir gün Şawul, Ýonatanyň kakasy Dawuda şeýle bir gaharlandy welin, ol patyşanyň gazabyndan gaçyp ýörmeli boldy. Ýonatan bilen Dawut munuň ýaly gaharyň sebäbine düşünip bilmeýärdiler. Dawut hiç hili erbet zat etmedi ahyry. Ýonatan öz dostuny diýseň alada edýärdi, şol sebäpden hem, oňa kakasynyň ýamanlyk etmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Ýonatan wajyp saýlaw etmelidi. Ol kakasynyň Dawuda näme sebäpden gaharlanýanyny bilip, dostuny nädip halas etmelidiginiň ugruny tapyp bilýärdi. Ýa-da ol Dawudyň nirede gizlenýänini kakasyna aýdyp, çopan bilen dostlugyny hemişelik unudyp bilýärdi. Кim Dawudyň dostudy? Şawul patyşa Dawudya nähili garaýardy? Ine, Ýonatan näme etdi. Ol Dawudy halas etmegiň meýilnamasyny düzdi. — Men kakam bilen gürleşýänçäm, meýdandaky ullakan daşyň aňyrsynda gizlen. Onuň bilen gürleşenimden soň, men şol ýere baryp, ýaýdan üç ok ataryn-da, hyzmatkär oglanjygy olary ýygnamaga goýbererin. Eger men oňa oklaryň onuň yzyndadygyny aýtsam, diýmek, saňa hiç zat howp salmaýar, kakamam saňa hiç hili zyýan ýetirmeýär. Emma eger oklaryň onuň öňündedigini aýtsam, diýmek, saňa howp abanýar, saňa gaçyp gutulmak gerek — diýip, Ýonatan dostuna aýdýar. Ýonatan kakasy bilen gürleşeninden soň, Dawudyň patyşanyň gözüne görünmeli däldigine düşünýär. Şonuň üçin ol meýdana baryp, yzly-yzyna üç ok atýar. Olary ýygnamaga ylgap barýan oglanjygyň yzyndan bolsa: — Seret, ok seniň öňüňde! — diýip gygyrdy. Oglanjyk oklary ýygnap, hojaýynynyň ýanyna gaýdyp geldi. Dawut hem dosty bilen hoşlaşmak üçin, gizlenýän ýeri bolan ullakan daşyň arkasyndan çykdy. Dostlaryň ikisiniňem ýüreklerini gaýgy gaplap aldy. Ýöne olar mydama dost bolup galjakdyklaryna biri-birine söz berdiler. Olar şol beren sözlerinde hem durdular! Ýonatan dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Ýonatan bilen Dawudyň gowy dostlar bolandyklaryna begendi. Gazaba atlanan patyşa Dawudy yzarlan wagtynda Hudaý onuň aladasyny etdi. Hudaý bize dost berýär we biziň olara ýagşylyk etmegimizi isleýär. Doga edeliň Rebbim, biziň dostlarymyzyň hemmesini gora we olara nädip ýagşylyk etmelidigimizi we nädip peýda getirmelidigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Ähli dostlaryň atlaryny aýt. Siz meňzeşmi ýa-da ýok? Siz bilelikde näme etmegi gowy görýärsiňiz? Siz biri-biriňize nädip kömek edýärsiňiz? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda käbir sözler ýazylman galypdyr. Olary ýaz. «Ýonatan Dawudy _____________ _______________ görensoň, onuň bilen äht edişdi». 1 Patyşalar 18:3 3. Suraty çekip gutar: Ýonatanyň görkezip duran oklarynyň ýeleklerini çek we olary üç dürli reňk bilen reňkle. HATDA PATYŞALARAM ÝALŇYŞÝARLAR 2 Şamuwel 11–12:10; Zebur 51 Şawul patyşa nädogry hereket edenine ökündimi? Ýa-da ol hiç hili erbet zat etmedim diýip hasap etdimi? Dawut köp ýyllap Şawul patyşadan gizlenip ýördi. Ýöne Şawul ölenden soň, Dawut patyşa boldy! Оl gowy hem rehimdar patyşa bolmaga we dogry hereket etmäge çalyşdy. Ol Hudaý bilen ýygy-ýygydan gürleşýärdi we halk üçin elinden gelen zatlaryň hemmesini edýärdi. Halk hem öz patyşasyny gowy görýärdi. Ýöne Dawut bir gün gowy diýip bolmajak bir zat etdi. Ol öz esgerleriniň biriniň owadan aýalynyň bardygyny gördi. Dawut oňa öýlenmegi şeýle güýçli isledi-de, ol owadan aýalyň adamsyny öldürtdi we ol aýala öýlendi. Hudaý Dawutdan diýseň nägile boldy. Şol sebäpden hem, Hudaý patyşanyň gözüni açmak üçin onuň ýanyna Natan atly bir adamy goýberýär. Natan bir wakany gürrüň bermek üçin Dawudyň ýanyna gelýär. Hudaýyň maksadyna görä, bu waka Dawuda özüniň nähili ýamanlyk edendigine akyl ýetirmegine kömek etmelidi. Dawudyň haýsy eden zady Hudaýy gynandyrdy? Hudaý Natana näme etmegi tabşyrdy? Natan sözüni şeýle başlady: — Bir garyp adamyň ýekeje guzusy bardy. Baý adamyň bolsa, köp goýunlary hem sygyrlary bardy. Şeýle-de bolsa, baý adam garybyň ýeke-täk hazynasyny elinden alýar. Muny eşideninde Dawut şobada gaharlandy-da, baý adamy jezalandyrmak isledi. — Оl garyba guzusynyň puluny tölemeli! — diýip, patyşa gygyrdy. Şol wagt Natan şeýle diýdi: — Şol adam — sen, Dawut. Hudaý saňa şeýle köp zat berse-de, sen başga adamyň aýalyny elinden alyp, oňa özüň öýlendiň. Şeýlelikde, Dawut wajyp saýlaw etmelidi. Ol özüniň şeýle ýigrenji zat edenini boýun alyp, oňa ökünip bilýär. Ýa-da ol hiç hili erbet zat etmedik ýaly bolup hem bilýär. Natanyň gürrüň beren wakasy Dawuda nähili kömek etdi? Dawut dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Ine, Dawut näme etdi. Ilki bilen ol gaharlanmasyny goýdy. Ol eden zadyna diýseň utandy. Ol özüniň Hudaýa garşy günä edendigine düşündi. Şonuň üçin patyşa Hudaýa doga etmäge başlady. Ol goýberen ýalňyşyna toba edip, Hudaýdan ötünç sorap ýalbardy. Hudaý hem Dawudy bagyşlady! Patyşanyň erbet iş edeni Hudaýy örän gynandyrdy. Şeýle-de bolsa, Hudaý onuň Natanyň sözüne gulak asanyndan hoşal boldy. Dawut günäsine toba etdi, indi ol ýene gowy patyşa bolup bildi. Eden erbet hereketlerimize toba etsek, Hudaý bizi bagyşlaýar. Doga edeliň Rebbim — çagadan başlap, patyşa çenli — biziň hemmämizem käwagt nädogry iş edýäris. Bu gün Senden ______________________üçin meni bagyşlamagyňy soraýaryn. Saňa minnetdar! Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Вelki, käwagt ýalňyş hereket edeniňde, ony gizläp biläýjek ýaly bolup görner. Ýöne, eýsem, Hudaýdan bir zady gizläp bolýarmy? Erbet zat edeniňi Hudaýyň öňünde näçe basym boýun alsaň, Ol seni şonça-da basym bagyşlaýar! 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ýöne Dawudyň eden _______________ Rebbiň nazarynda ______________nejislikdi». 2 Patyşalar 11:27 3. Dawudyň iki suratyny deňeşdir we ondan 5 tapawut tap. ÄHLI SOWGATLARYŇ IŇ GOWUSY 1 Patyşalar 3 Süleýman Hudaýdan akyldarlyk soradymy? Ýa-da ol gymmat däl bir zat soradymy? Dawudyň Süleýman atly ogly bardy. Süleýmanyň patyşa bolan güni-de gelip ýetdi. Täze patyşa Hudaýy söýýärdi we Oňa tagzym edýärdi. Bir gije Hudaý Süleýmana düýşünde ýüzlenip şeýle diýdi: «Menden näme isleseň sora, Men saňa şony bererin». Вelki, Süleýman ilki baý bolmagyň gowudygy hakda pikir edendir. Onda isleýän zatlarynyň hemmesi bolýar. Puluň köp bolsa nähili gowy! Soňra Süleýman, belki, akyldar bolmagyň gowudygy hakda pikir edendir. Ýöne bir akyldar we köp zady bilýän adam bolmak däl-de, dogry saýlaw etmäge mümkinçilik berýän adam bolmaly. Şonuň ýaly sylagyň bolsa, onda adamlara kömek edibem, Hudaýyň göwnünden turup bolýar. Şeýlelikde, Süleýman dogry saýlaw etmeli boldy. Ol Hudaýa gulluk etmek we adamlara kömek etmek üçin Hudaýdan akyldarlyk sorap bilýärdi. Ýa-da islän zatlarynyň hemmesi bolar ýaly, ol baýlyk sorap hem bilerdi. Süleýman näme etdi? Ol Hudaýa: — Sen köp sanly halka patyşa edip goýduň. Ýöne men oňa nädip kömek etmelidigini bilmeýärin. Maňa nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrudygyny görkez. Muny maňa diňe Sen açyp bilýärsiň. Süleýmanyň baýlygy saýlaman, Özünden akyldarlyk soramak bilen eden saýlawy Hudaýa ýarady. Şonuň üçin Ol patyşa: «Men saňa akyldarlyk bererin» — diýdi we: «Mundan başga-da, Men saňa baýlyk bererin» — diýdi. Hudaý Süleýmana nähili teklip etdi? Süleýman Hudaýdan näme diledi? Hudaý Süleýmana näme berdi? Süleýman nähili gowy saýlaw edipdir! Paýhasly karara gelme sylagyna eýe bolany üçin ol adamlara nädip dogry hereket etmelidigini we Hudaýyň göwnünden nädip turmalydygyny öwretdi. Wagtyň geçmegi bilen Süleýman örän baý adam boldy. Ol halk üçin, Hudaýa tagzym eder ýaly, ajaýyp ybadathana gurdy, özüne bolsa, ajaýyp köşk gurdy. Hudaý Özünden Süleýmanyň akyldarlyk soranyna hoşal boldy. Ol patyşanyň haýyşyny ýerine ýetirdi we oňa has köp zat berdi! Hudaý akyldardyr, Ol bize-de pähimli bolmaga kömek etmek isleýär. Doga edeliň Rebbim, bize-de, edil Süleýman patyşa ýaly, pähimli hem aladaçyl bolmaga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Oýlan, sen Hudaýdan nähili sylaglar aldyň? Belki, sen gaty ylgaýansyň? Belki, gowy aýdym aýdýansyň, surat çekýänsiň ýa-da täze zatlaryň hemmesini basym özleşdirýänsiň? Sen öz sylaglaryň bilen başga adamlara nädip gulluk edip, kömek edip bilýärsiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…_______________ we ______________ saýgarar ýaly, Sen Öz _____________ pähimpaýhas ber, çünki kim Seniň san-sajaksyz halkyňy dolandyryp biler?». 1 Patyşalar 3:9 3. Suratda öz akyldarlygy hem adalaty bilen şöhratlanan patyşanyň adyny düzýän harplary tap. BIR GOŞAWUÇ UN 1 Patyşalar 17:7–16 Aýal çöregini Ylýas bilen paýlaşdymy? Ýa-da ol çöregi özüne goýdumy? Gün Ylýasyň kellesini rehimsizlik bilen ýakyp barýardy, ol açlykdan we suwsuzlykdan ejir çekýärdi. Köpden bäri ýere ýagyş ýaganokdy. Ýagyşsyz çeşmeler gurap galypdy. Ýagyşsyz bugdaýam gögerenokdy. Ýagyşsyz zeýtunam ýetişmeýärdi, diýmek, ýagam ýokdy. Hudaý Ylýasa uzakdaky bir şähere gitmegi buýurdy we ol ýerde bir aýalyň ony naharlap biljekdigini aýtdy. Ine-de, Ylýas şol şähere ýola düşdi. Ýolda ol gury şahalary ýygyp ýören bir aýala duş gelýär. Ylýas ondan: — Maňa azajyk çörek bilen suw getirip berermiň? — diýip sorady. Ýöne aýal: — Meniň öýümde bir goşawuç un galdy. Ol diňe özüm we oglum üçin ýekeje gezek çörek bişirmäge ýetýär — diýip jogap berdi. Ylýas ony köşeşdirdi: — Maňa çörek bişirip bermekden gorkma. Ýagyş ýagýança seniň unuň we ýagyň gutarmajakdygyny Hudaý maňa açyp görkezdi. Şeýlelikde, aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol Ylýasa çörek bişirip berip bilýärdi. Ol özüni hem ogluny Hudaýyň iýmitsiz galdyrmajakdygyna umyt baglap bilýärdi. Ýa-da ol Ylýasy kowup, soňky goşawuç undan özüne we ogluna çörek bişirip bilýärdi. Ylýas näme üçin ajykdy? Ylýas özi bilen çöregi paýlaşmagyň gerekdigine şübhelenen ýala näme diýdi? Hudaý Ylýasyň, aýalyň we onuň oglunyň aladasyny nädip etdi? Ine, aýal näme etdi. Ol çörek bişirdi-de, ony Ylýasa berdi. Ylýas onuň hemmesini iýdi-de, onuň özi hem ogly üçin ýene çörek bişirmelidigini aýtdy. Onuň söz berşi ýaly, aýala un bilen ýag ýetdi. Aýal her gün üç adamlyk çörek bişirdi, ýöne onuň uny-da, ýagy-da kemelmedi. Ýagyş ýagýança Hudaý onuň rysgyny berip durdy. Soň hem, bugdaý başlary ýetişdi, zeýtun bişdi. Soň açlygam geçip gitdi. Aýalyň çöregini Ylýas bilen paýlaşanyna we öziniň, oglunyň hem Ylýasyň aladasyny Hudaýyň etjegine ynanany üçin Hudaý begendi. Özümizde bar zadymyzy Hudaý bilen paýlaşanymyzda, Hudaýyň göwnünden turýarys. Doga edeliň Rebbim, Seniň beren zatlaryňy başgalar bilen paýlaşmaga bize kömek et. Bize mydama zerur zatlaryň hemmesini berip durýanyň üçin Saňa minnetdardyrys. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Siziň öýüňizde nämedir bir zadyň (azyk önümleriniň, puluň ýa-da başga bir zadyň) gutaran wagty, Hudaýyň hem, size mätäç zadyňyzy beren wagty bolupdymy? Sen nähili pikir edýärsiň, kimdir biri bilen bir zadyňy, mysal üçin, iýmitiňi, egin eşigiňi, kitaplary, oýunjagyňy paýlaşmagyň Hudaýa ýaraýarmy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: «Rebbiň ýere __________________ gününe çenli haltadaky _______________ tükenmez, golçadaky ___________ egsilmez». 1 Patyşalar 17:14 3. Haýsy üçburçlyk 110 njy sahypadaky suratyň bölegi däl? BİR GÜNDE ÝEDİ GEZEK ÝUWUNMA 2 Patyşalar 5 Kiçijik gyzjagaz Nagamana kömek etdimi? Ýa-da ol ony kimiň bejerip biljekdigini aýtmadymy? Nagaman beýik harby serkerdedi. Gowy gylygy hem batyrlygy üçin ony hemmeler sylaýardy. Ýöne bu batyr esgeriň bejerip bolmaýan agyr keseli bardy. Nagamanyň tutuş bedenini ýara we kesmek basyp ýatyrdy. Olar onda güýçli agyry döredýärdi we bedenini gelşiksiz edip durdy. Nagaman özüne kimdir biriniň kömek etmegini diýseň isleýärdi. Nagamanyň öýünde onuň aýalyna hyzmat edýän bir gyzjagaz bardy. Ol Hudaýyň halkynyň ýaşaýan ýurdunda doglupdy. Gyzjagaz Hudaýy söýýärdi we Ony söýýän başga adamlary-da tanaýardy. Şonuň ýaly adamlaryň biri-de, Hudaýyň Elýaşa atly pygamberidi. Nagaman bilen aýaly kiçijik hyzmatkäri gowy görýärdiler. Şonuň üçin gyzjagaz Nagamanyň agyr keseliniň bardygyny eşidende örän gynanypdy. Elýaşa pygamber onuň ýadyna düşdi. Şonda ol öz jenabyna nädip kömek etmelidigini Elýaşa bilýändir diýip pikir etdi. Bir gün Nagamanyň aýaly kiçijik hyzmatkäri ýanyna çagyrdy. Gyzjagaz onuň näme isleýänini bilmek üçin geldi. Şeýlelikde, gyzjagaz wajyp saýlaw etmelidi. Ol Nagamanyň aýalyna Elýaşanyň Hudaýy söýýänini we onuň adamlara kömek edýänini aýdyp bilýärdi. Ýa-da ol pygamber hakda hiç zat diýmänem bilýärdi. Galyberse-de, ol kiçijik gyzjagaz ahyry, özem başga ýurtdan. Nagaman ýaly abraýly adamyň hyzmatkäri öz jenabyna kömek edip biler diýip hiç kimem pikir etmeýärdi. Ine, gyzjagaz näme etdi. Ol Nagamanyň aýalyna: — Men Hudaýy söýýän bir adamy tanaýaryn. Onuň ady Elýaşa. Siziň adamyňyz onuň bilen duşuşyp biler. Elýaşanyň meniň jenabymy sagaldyp biljegine men ynanýaryn — diýdi. Nagaman özüni bejerip biljek adamyň bardygyny eşideninde nähili begendi! Ol we onuň kömekçileri iň çalt ýöreýän atlary at araba goşdular. Soň atlar Elýaşanyň ýaşaýan ýerine tarap çapyp gitdiler. Pygamber Nagamana: — Saňa Iordan derýasyna ýedi gezek çümüp çykmak gerek. Şonda seniň ýaralaryň aýrylýar — diýdi. Munuň ýaly maslahat Nagamany gynandyrdy. Ol ençe gezekler ýuwnup görüpdi, ýöne hiç hili netije görmändi. Ýöne harby serdaryň kömekçileri: — Еger Elýaşa saňa haýsydyr bir agyr zady buýran bolsa, sen höwes bilen onuň maslahatyny ýerine ýetirerdiň. Saňa näme, Iordana ýedi gezek çümüp çykmak kynmy? Belki, bu dogrudanam kömek eder — diýdiler. Gyzjagaz Nagamany sagaldyp biljek haýsy adam hakda bilýärdi? Elýaşa Nagamana näme maslahat berdi? Gyzjagazyň kömegi bilen nähili gowy wakalar boldy? Şeýdip, Nagaman derýa boýuna baryp, suwa girdi. Birinji gezek çümüp çykdy, hiç zat üýtgemedi. Ikinji gezek çümdi, hiç zat üýtgemedi. Ol tenini üçünji, dördünji, bäşinji, altynjy gezek ýuwdy. Tenindäki ýara azalmady. Soň ol ýedinji gezek çümdi-de, kenara çykyp, ellerine seredende ýekeje-de ýara görmedi. Aýaklarynda-da, eginlerinde-de, kellesinde-de hiç zat ýokdy. Nagaman sagaldy! Kiçijik gyzjagazyň öz hanymyna Elşaýa hakda gürrüň berenine begendi. Harby serdar hem, örän begendi we pygambere minnetdarlyk bildirdi. Gyzjagazyň eden zadynyň kömegi bilen Nagaman Hudaýy söýdi. Hudaý Özi hakda başga adamlara bilmäge çagalar kömek edende begenýär. Doga edeliň Rebbim, Seni gowy tanamaga nädip we kime kömek edip biljekdigimizi maňa görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Öz kiçi ýaşyňa garamazdan senem adamlara Mesih hakda bilmäge kömek edip bilýärsiň. Nädip? Mukaddes Kitap taryhlary bolan kitabyňy olara görkezmek ýa-da ýekşenbe mekdebinde öwredilen aýdymy aýdyp bermek, ýa-da Mukaddes Kitapdaky iň gowy görýän aýadyňy aýdyp bermek bilen. Mundan başga-da, sen olar üçin doga edip bilersiň. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. «Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly _____________________ gezek ___________________ derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy». 2 Patyşalar 5:14 3. Suratdaky Nagamanyň çümüp çykan derýasynyň adyny düzýän harplary tap. КIM ÝOLBARSDAN GORKÝAR? Danyýel 6 Danyýel Hudaýa doga etmegini dowam etdirdimi? Ýa-da ol Oňa doga etmegini bes etdimi? Hyr-r-r-r-! Ýolbarslaryň hyrryldysy şäheriň köçelerinde ýaňlanýardy. Aç ýolbarslar duş geleni iýmäge taýýardylar. Danyýel bilen onuň dostlary hem, ýolbarslaryň sesini eşitdi. Olar şäherde ýolbarsly çukuryň bardygyny we oňa günä eden adamlaryň oklanylýanyny bilýärdiler. Köplenç patyşa tabyn bolmaýanlary ol ýere atýardylar. Danyýel patyşanyň gowy dostudy we iň wajyp kömekçileriniň biridi. Mundan başga-da, patyşa Danyýeli öz wezirleriniň hemmesiniň ýolbaşçysy edip goýjak bolup ýördi! Şanyň beýleki kömekçileri Danyýeli gowy görmeýärdiler. Olar Hudaýa ynanmaýardylar we onuň edişi ýaly, Hudaýa tagzym etmeýärdiler. Mundan başga-da, patyşanyň dostunyň onuň iň wajyp kömekçisi bolmagyny islemeýärdiler. Şonuň üçin köşkde Danyýeliň garşysyna dil düwüşdiler. Patyşanyň beýleki kömekçileri gelip, ony täze kanuny kabul etmegiň wajypdygyna ynandyrdylar. Olar özleriniň hökümdaryna: — Hökümdar, biz beýik kanun oýlap tapdyk. Şol kanuna laýyklykda, adamlaryň hemmesi bir aýyň dowamynda diňe saňa doga etmeli. Bu wagtyň bütin dowamynda adamlaryň hemmesi başga birine ýa-da hudaýa doga edip ýüzlenme hukugyndan mahrum edilýär. Eger olar seniň buýrugyňy bozsalar, onda aç ýolbarsly çukura taşlanylýar. Patyşa, belki, bu gowy kanundyr diýip pikir etdi. Şonuň üçin ol razy bolup, karara gol çekdi. Patyşa nähili täze kanun çykardy? Näme üçin ol kanun erbetdi? Danyýel patyşanyň täze kanunynyň çykanyny eştidi. Ýöne ol täze kanuny ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini bilýärdi, sebäbi diňe Hudaýa doga etmek gerekdi. Üstesine-de, köp ýyllar ondan ozal Musa Hudaýyň Özüniň beren kanunyny ýazypdy, şony ýerine ýetirmek gerekdi. Eger kanun adamlary Hudaýyň tabşyryklaryny bozmaga mejbur edýän bolsa, onda onuň erbet kanun bolýandygyny Danyýel bilýärdi. Şeýlelikde, Danyýel wajyp saýlaw etmelidi. Ol mydama edişi ýaly, Hudaýa doga edip bilýärdi. Eger şeýle etse, onda ýolbarsly çukurda gije saklarlar. Ony aç ýolbarslaryň näme etjegi hakda pikir etmegem gorkunç! Ýa-da ol patyşanyň kanunyna tabyn bolup biler. Şonuň ýaly bolanda, ol Hudaýa däl-de, patyşa tagzym edýärdi. Belki, ol patyşa tagzym edýän kişi bolup, gizlinlikde Hudaýa doga eder? Danyýel näme etdi? Ol dogry hereket edip, her gün Hudaýa doga etmegini dowam etdirdi. Her gün ol bir gezek, hatda iki gezegem däl-de, üç gezek doga etdi! Özem doga eden wagtynda gizlenmedi. Özem doga etmegini açyk duran aýnanyň öňünde etdi. Islendik adam ony görüp bilýärdi! Elbetde, patyşanyň beýleki kömekçileri Danyýeliň doga edişini gördüler. Elbetde, olar bu hakda patyşa gürrüň berdiler. Patyşa muňa diýseň gynandy. Ol özüniň iň wajyp kömekçisini aç ýolbarslaryň öňüne oklamak islemedi. Ol öz dostuny halas etmegiň ýoluny oýlap tapmaga çalyşdy. Ýöne onuň özüniň gol çeken buýrugyny ýatyryp bolmaýardy. Şeýdip, patyşanyň kömekçileri Danyýeli tutdular-da, Gün ýaşandan soň, ony ýolbarsly çukura taşladylar. Çukurda nähili haýwanlar bardy? Hudaý nädip Danyýel hakda alada etdi? Patyşa uzakly gije gözlerini ýummady. Her minutda ol Danyýeliň häzir näme edýändigini göz öňüne getirdi. Jahan ýaňy ýagtylan badyna, ol aýagaldygyna ýolbarsly çukura tarap ylgady. Ol onuň gyrasyna ýetip ýetmänka: — Danyýel, Hudaýyň seni wagşy ýolbarslardan goradymy? — diýip gygyrdy. Patyşa çukura seretdi. Ol gözlerini süpürip, ýene aşak seretdi. Ol ýerde, wagşy haýwanlaryň arasynda, Danyýel sag-aman otyrdy! — Hudaý perişde iberdi. Ol ýolbarslaryň agyzlaryny baglady, şonuň üçin olar maňa hiç hili zelel ýetirip bilmediler. Meniň hiç hili erbet zat etmänimi Hudaý bilýärdi — diýip, Danyýel jogap berdi. Danyýeliň diridigine patyşa nähili begendi! Danyýeliň Öz tabşyryklaryny ýerine ýetirip, dogry hereket edeni üçin Hudaý hem begendi. Danyýel hut şonuň ýaly etdi. Biz doga edenimizde, Hudaýyň tabşyryklarynyň birini ýerine ýetirýäris — bu bolsa, gowy zatdyr! Doga edeliň Rebbim, mydama Seniň tabşyryklaryňy berjaý etmäge we Seni dünýädäki hemme zatdan gowy görmäge bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen Hudaýa ýygy-ýygydan ýüzlenýärsiňmi? Seniň zor bilen doga eden wagtyňam boldumy? Sen käwagt doga etmegi ýatdan çykardyňmy? Muny etmegiň wajypdygyny ýatlamaga saňa kömek etmegini Hudaýdan sora! 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Danyýel patyşa şeýle diýdi: «…Meniň Hudaýym _____________ iberip, ________________________ agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym…». Danyýel 6:21–22 3. Rebusy çözseň, haýsy patyşanyň buýrugy bilen Danyýeliň ýolbarsly çukura taşlananyny bilersiň. KİTİŇ İÇİNDÄKİ SYÝAHAT Ýunus 1–2 Ýunus Hudaýyň kömekçisi bolmak isledimi? Ýa-da ol mundan gaçmaga synanyşdymy? Bir gün Hudaý Ýunusa: «Mende seniň üçin iş bar. Men seniň Ninewäniň halkyna kömek etmegiňi isleýärin. Olar köp ýalňyşlyk goýberýärler. Men ol adamlaryň Özümi söýmeklerini we Maňa gulak asmaklaryny isleýärin. Men, şeýle hem, ol adamlaryň biri-birlerine söýgi bilen garamaklaryny isleýärin» — diýdi. Şeýlelikde, Ýunus wajyp saýlaw etmelidi. Ol Ninewä gidip, özüne Hudaýyň buýran zadyny edip bilýärdi. Bu şäheriň adamlarynyň ony görmek islemezlikleri-de mümkin, şeýle-de bolsa, ol barybir Hudaýyň isleýän zadyny edip bilerdi. Ýa-da Ýunus özüne Hudaýyň buýran işini etmek islämok diýen karara gelip bilýärdi. Ýunus näme etdi? Ol gizlenmekçi boldy! Ol aýagaldygyna deňiz tarapa ylgady-da, Ninewä gitmeýän bir gämä münýär. Belki, gaçgak özüni açyk deňizde Hudaý tapmaz öýdendir? Ýöne Ýunusyň nirededigini Hudaý gaty gowy bilýärdi. Hudaý güýçli ýel goýberýär welin, deňizde tupan turup başlaýar. Äpet tolkunlar gelip, gämä urulýar. Deňizçiler ozal hiç haçan munuň ýaly tolkunlary görmändiler. Bu gorkunç tupany Hudaýyň goýberendigine Ýunus düşünýär. Şonuň üçin ol näme etmelidigini gaty gowy bilýärdi. Ýunus deňizçilere şeýle diýdi: — Men Hudaýdan gizlendim, bu tupany Ol goýberdi. Eger siz meni tolkunlaryň içine oklasaňyz, onda tupan köşeşer. Deňizçileriň hijisi beýle etmek islemedi. Ýöne olar şeýle etmegiň gerekdigine düşünýärdiler, şol sebäpden hem, olar Ýunusy gäminiň daşyna taşladylar. Tolkunlar şobada köşeşdi, deňizçilerem halas boldular. Ýöne Ýunus özüne näme boljagyny bilmeýärdi. Ol daş-töwereginde suw we onuň içindäki täsin ýaşaýjylary — ortaça göwrümli kiçijik gyzyl, sary balyklary we ägirt uly kiti gördi. Ol şeýle bir ägirtdi welin, töwereginde ýüzüp ýören balyklaryň hemmesini, hatda Ýunusy-da ýuwutdy! Hudaý Ýunusa nirä gitmegi buýurdy? Ýunus dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Ýunus kitiň içine düşende doga edip başlady. Ol özüni halas etmek üçin bu jandary Hudaýyň iberenine düşündi. Şonuň üçin ol Hudaýa minnetdarlyk bildirdi we Oňa gulak asjakdygyna söz berdi. Soň näme boldy? Ägirt uly kit kenara gelip, agzyny açyp, dürli balyklary tüýkürdi. Olar bilen bilelikde Ýunus hem, gury ýere çykdy. Onuň begenişini söz bilen aýdyp bolmaýar! Hudaý ýene Ýunusa Ninewä gitmegi buýurdy. Bu gezek Ýunus nähili saýlaw etmelidigini bilýärdi. Ol Hudaýa tabyn boldy-da, Hudaýyň buýran ýerine gitdi. Ýunus kitiň içinden çykanyndan soň, näme karara geldi? Ninewäniň halky Ýunusyň iýenini edip, näme etdiler? Ninewäniň ýaşaýjylary Ýunusy diňlediler we özleriniň nädogry zatlary edendiklerine gaty ökündiler. Olar durmuşlaryny üýtgetme kararyna geldiler. Olar biri-birini gowy görerler. Hudaýy bolsa hemme zatdan-da köp söýerler. Ýunusyň ahyrsoňy gulak asyp, kömekçisi bolanyna Hudaý begendi. Ol Ninewäniň halkynyň Hudaýy söýüp, Oňa gulak asjagyna hem begendi. Dogry hereket etmekden boýun towlanyňdan, Hudaýa gulak asanyň gowy. Doga edeliň Rebbim, gowy iş etmekden hiç haçan ýüz öwürmezlige bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Ýunusyň edişi ýaly, Hudaýyň özüňe buýran zadyny etmek islemedik wagtyň bolupdymy? Belki, sen gowy bolmak, doga etmek ýa-da ene-ataňy diňlemek islän dälsiň? Munuň nähili gynandyryjy netijä alyp barandygy ýa-da alyp barmagynyň mümkindigi hakda gürrüň ber. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…Ýunusa Rebbiň sözi geldi: «Hany bol, _____________ — ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň _____________________ Maňa aýan boldy». Ýunus 1:1–2 3. Gämini kenara alyp barjak ýoly tap. HUDAÝYŇ TÄSIN MAKSADY Luka 1:26–50 Merýem Hudaýyň isleýän zadyny etmäge razy boldumy? Ýa-da ol ony etmekden boýun towladymy? Мerýem Nasyra atly kiçijik şäherde ejesiniň öýünde ýaşaýardy. Beýleki gyzjagazlar ýaly, Merýem hem, guýudan suw daşaýardy, nahar bişirmegi we tikin tikmegi öwrenýärdi. Ol haýwanlary gowy görýärdi, şol sebäpden hem, mydama guşlara çörek owuntyklaryny berýärdi. Gyzjagaz ulalyp, indi gelinlik bolupdy! Tizara Ýusup oňa öýlenýär. Ýusubyň owadan mebel ýasaýan öz ussahanasy bardy. Merýemiň nähili owadan öýi bolar! Merýem eýýäm özüniň toýy boljak güni we toýy nähili tutjakdyklary hakda pikir edýärdi. Bir gün Merýem öýüni süpürip ýörkä, birden otagyň içinde bir nätanyş biri peýda bolýar. Onuň egninde gözüňi gamaşdyrýan ak eşik bardy, ol edil öwşün atýan ýalydy. Merýem hiç haçan munuň ýaly zady görmändi, şonuň üçin örän gorkdy. Aslynda bu nätanyş Jebraýyl perişdedi. Ony Hudaý Merýemiň ýanyna iberipdi. Hudaýyň perişdesi şeýle diýdi: — Gorkma, Merýem. Men saňa hoş habar getirdim. Мerýem bu habar öz ýigidi Ýusup ýa-da olaryň toýy hakda diýip pikir eden bolsa gerek. Perişde sözüni dowam etdirdi: — Hudaý Özüniň söýgüsi hakda ähli adamlara gürrüň berjek Halasgäri ýere iberme kararyna geldi. Hudaý seniň asla adaty bolmadyk Çaganyň ejesi bolmagyňy we Onuň adyna Isa dakmagyňy isleýär. Merýemiň durmuşa çykjak ýigidi kimdi? Perişde Merýeme Hudaýyň nähili maksady akda gürrüň berdi? Мerýem aljyrady: — Ýöne meniň nädip çagam bolsun, men entek durmuşa çykmadym ahyry. Perişde oňa şeýle jogap berdi: — Ol Çaga Hudaýyň Ogly bolar. Ol adamlary günälerinden halas eder. Şeýlelikde, Merýem wajyp saýlaw etmeli. Ol Hudaýyň isleýän zadyny etmäge razy bolup biler. Hatda Ýusup oňa düşünmände hem, öz aladasyny Hudaýyň etjegine ynanyp bilýärdi. Ýa-da ol perişdä Hudaýyň maksadynyň amala aşmagyna gatnaşmak islemeýändigini aýdyp bilýär. Goý, Hudaý Öz Ogly üçin başga eje tapsyn. Merýem näme etdi? Оl perişdä şeýle jogap berdi: — Men Hudaýyň oýlap tapan zadyny höwes bilen ýerine ýetirýärin. Perişde gideninden soň Merýem näme etdi? Merýem özi üçin Hudaýyň taýýarlan zadyna ähili garady? Perişde Merýemiň ýanyndan gideninden soň, Merýem öz garyndaşy Elizabetiň ýanyna gitdi. Elizabet Merýemiň durmuşynda näme bolup geçenine derrew düşündi. Hudaý Elizabete Merýemiň adaty bolmadyk Çagasynyň boljakdygyny açypdy. Soň Merýem aýdym aýtdy: — Janym Rebbimi şöhratlandyrýar. Ol gudrat görkezýär. Ol dünýä Öz Ogluny iberýär. Şol Çaganyň ejesi bolmagym üçin Ol meni saýlady. Öz oýlap tapan zadynyň amala aşmasyna gatnaşmaga Merýemiň razy bolany üçin Hudaý hoşal boldy. Merýem Onuň Ogly Isanyň ejesi bolýar. Hudaýyň özümize niýetlän zadyna garşy çykmasak, onda Hudaý begenýär. Doga edeliň Rebbim, biz Saňa gulak asmak we her gün Seniň bilen gürleşmek isleýäris. Seniň biz baradaky Öz pikiriňi açmagyňy isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen nähili pikir edýärsiň, Hudaý senden nämä garaşýar? Seniň ene-ataňa, mugallymlaryňa gulak asmagyňamy, täze bir zat öwrenmegiňemi, gowy bolmagyňamy? Sen Onuň tamasyny ödemäge taýýarmy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Perişde oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda _______________ tapdyň. Ine, sen _________________, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň». Luka 1:30–31 3. Perişdäniň Merýem bilen gürleşende aýdan sözlerini okamak üçin boş ýerleri doldur. Ýazylmadyk harplary tapmaga gapyrjak kömek eder. MERÝEMIŇ WE ISANYŇ ALADASYNY ETMEK Matta 1:18–25 Ýusup Merýem bilen Isanyň aladasyny etmegi öz üstüne aldymy? Ýa-da ol Hudaýyň buýrugyny ýerine ýetirmedimi? Nasyradaky agaç ussasy Ýusubyň öz ussahanasy bardy. Ol her gün eline byçgy bilen çekiç alyp, özüniň müşderileri üçin agaçdan nämedir bir zat ýasaýardy. Käwagt ol oturgyç we stol ýasaýardy. Käwagt ol iş gurallaryny bejermeli bolýardy. Ýusubyň işi örän köpdi, şonuň üçin ol özüni bagtly adam hasaplaýardy. Indi özüniň toýunyň öň ýanynda ol has-da begenýärdi. Ol Merýemiň mähirli aýal we gowy kömekçi boljakdygyny bilýärdi. Merýemiň onuň öýüne girjegi nähili gowy! Ýusup öz öýi we geljekki aýaly üçin nähili stol ýasajakdygyny kellesinde aýlaýardy. Bir gün Merýem Ýusuba täsin bir täzeligi habar berdi. Ol öz ýanyna perişdäniň gelenini we özüniň çaga garaşýanyny gürrüň berdi. Ýusup näme pikir etjegini bilmedi. Ol näme diýjeginem bilmedi. Ýusup öýüne gelýärkä, belki, özüniň geljek üçin guran meýilleri hakda pikir edendir. Ol Merýeme öýlenmekçi bolup ýördi. Ol özleriniň çagasynyň bolmagyny arzuw edýärdi. Emma indi… Gije Ýusup öz öýünde otyrdy. Ol Merýem indi onuň aýaly bolup bilmeýär diýip pikir edýärdi. Agaç ussasy ýatan wagtynda öz umytlarynyň puç bolanyny duýýar. Ýusup näme bilen meşgullanýardy? Ol öýlenjegine begenýärdimi? Ýöne şol gije Ýusup bir düýş görýär. Düýşünde perişde onuň bilen gürleşýär. Ol Ýusuba Hudaýdan bir wajyp habar getirýär. — Ýusup, Merýeme öýlenmekden gorkma. Onuň we çagasynyň aladasyny etmekden gorkma. Merýemiň göwresinde göterip ýören çagasy — Hudaýyň Ogludyr. Ol doglanynda, Oňa Isa diýip at dak. Ol adamlary günälerinden halas eder. Şeýlelikde, Günüň ilkinji şöhleleri bilen oýananynda Ýusup wajyp saýlaw etmelidi. Ol Merýeme öýlenip, bäbejik Isanyň Hudaýyň Ogludygyny bilip, Ony ulaldyp bilýär. Ýa-da ol Merýemi başga bir oba ýuwaşjadan goýberip hem bilýär. Goý, Çagany Merýemiň özi ulaldybersin. Galyberse-de, ol bary-ýogy agaç ussasy. Üstesine-de, munuň ýaly adatdan daşary Çaganyň aladasyny etmek — juda jogapkärçilikli iş. Ýusup näme etdi? Ol derrew geýnip, Merýemiň öýüne tarap howlukmaç gitdi. Belki, ol aýagaldygyna ylgandyr. Ol gelinligine düýşünde perişde görenini we perişdäniň onuň we Çaganyň aladasyny etmegi buýranyny gürrüň berdi. Merýem Ýusuba nähili täsin habary aýtdy? Perişde düýşünde Ýusuba näme diýdi? Şeýlelikde, Merýem bilen Ýusup, özleriniň arzuw edişleri ýaly, durmuş gurýarlar. Olar bile ussahanasy hem bolan kiçijik öýde ýaşarlar we bäbejik Isanyň aladasyny ederler. Ýusubyň Merýemiň we Isanyň aladasyny öz üstüne alanyna Hudaý begendi. Hudaý Ýusubyň ýanynda Öz Oglunyň howpsuzlykda boljagyny bilýärdi. Hudaý Özüniň beren borçlaryny ýerine ýetirmekde adamlara kömek edýär. Doga edeliň Rebbim, biziň aladamyzy etmekde Saňa kömek edýän adamlaryň hemmesi üçin Saňa minnetdar. Şeýle hem, biziň üstümize ýükleýän borçlaryň üçin hem, Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Hudaý seniň maşgalaň her bir agzasyna nähili borçlary berdi? Saňa öz üstüňe ýüklenilen borçlar juda agyr ýaly bolup görünýärmi? Ýatda sakla, eger Hudaý seniň haýsy hem bolsa bir işi etmegiňi isleýän bolsa, onda Ol ony ýerine ýetirmäge saňa kömek berer. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Emma …Rebbiň bir _______________ onuň ____________ girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe _________________ almakdan gorkma, çünki onuň göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr» — diýdi. Мatta 1:20 3. Iki suraty deňeşdir-de, 5 tapawudy tap. «GORKMAŇ!» Luka 2:8–20 Çopanlar perişdä ynandylarmy? Ýa-da olar onuň sözüne gulak asmadylarmy? Çopanlar her gün Beýtullahamyň ýanyndaky depelerde otlap ýören goýunlara gözegçilik edýärdiler. Bir gün çopanlar goýunlary bakyp ýörkäler, rim esgerini görýär. Ol şähere barýan ýol bilen atly okdurylyp barýardy. Çopanlar onuň Beýtullahamda doglanlaryň hemmesini ýazga almaga barýandygyny bilýärdiler. Olar uzakly gün adamlaryň yzyny üzmän ýazga alynmaga barýanyny gördüler. Giç öýlän ýolda ýadaw är-aýal göründi. Aýal eşegiň üstündedi, onuň ýanyndaky erkek adam hem, birhili aladaly ýaly bolup görünýärdi. Adamlaryň gije nirede boljakdyklaryna çopanlar haýran galdylar. Bütin Beýtullahamda munça krowat tapylmaýar. Belki, ol erkek adamyň ýüzi şonuň üçin aladaly görnendir. Garaňky düşenden soň, çopanlar goýunlaryny sanap, dynç almak üçin oturýarlar. Depelere asuda, ümsüm gije düşdi. Çopanlar agşamlyk edinenlerinden soň, howa hakda gümür-ýamyr edip we gije ot öçmez ýaly, oda odun atyp otyrdylar. Goýunlar depäniň eňňidinde irkildiler. Çopanlaryň hem käbirleri irkildiler. Вirden ýiti ýagty asmany ýagtyltdy! Ony hemmelerden öň ýaş çopan gördi. Ol hem beýlekileri oýardy. Asmandaky şöhläniň gitdigiçe ýagtylyşyna çopanlar seredip durdular. Töwerek edil gündizlik ýaly ýagtylanyndan soň, perişde peýda boldy. Bu nämäniň alamatyka? Çopanlar donlary bilen kellelerini ýapdylar. Olaryň käbirleri, hatda, daşlaryň aňyrsyna-da gizlendiler. Wajyp habary getiren perişde çopanlara ýüzlendi: — Gorkmaň! Mende siziň üçin wajyp habar bar. Beýtullahamda Halasgär doguldy. Baryň-da, Bäbejigi görüň. Ol gundaga dolangy nowanyň içinde ýatyr. Garaşylmadyk ýagdaýda asmanyň ýüzi perişdeden doldy! Olar Hudaýy şöhratlandyrdylar we aýdym aýtdylar: — Göklerdäki Hudaýa şöhrat! Çopanlar gijäniň içinde näme gördüler? Perişde olara näme hakda aýtdy? Soň perişdeler peýda boluşlary ýaly, duýdansyz ýitip hem gitdiler. Diňe depäniň eňňidinde irkilip ýatan goýunlar galdy. Çopanlaryň käbirleri, ahyrsoňy, daşyň aňyrsyndan çykmaga het edip bildi. Indi olar näme etmeli? Şeýlelikde, çopanlar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar perişdä ynanyp, nowada ýatan Çagany gözläp tapmak üçin Beýtullahama gidip bilýärler. Ýa-da olar edil hiç hili perişde görmedik ýaly, goýunlaryna seredip galyp hem bilýärdiler. Şeýlelikde, çopanlar, ine, näme etdiler. Olar bolan zat hakda pikir alşanlarynda, olary Hudaýyň Özüniň goýberendigine düşündiler we Onuň buýrugyny ýerine ýetirme kararyna geldiler. Çopanlar ýoldaşlarynyň birini goýunlara seretmek üçin goýup, özleri howlukmaç ädimläp, Beýtullahama gitdiler. Оlar mallar ýatan bir mal ýatagyny tapdylar. Ol ýerde bir erkek kişi, bir aýal we Çaga bardy. Hemme zat, edil perişdäniň aýdyşy ýalydy. Çopanlar kimiň nowada ýatandygyny gördüler? Çopanlar ýuwaşjadan Çaganyň ýanyna bardylar-da, Ony gördüler. Ajaýyp Bäbek asuda uklap ýatyrdy. Çopanlar Beýtullahamdan gidenlerinde, olar şobada goýunlarynyň ýanyna baranlarynda juda tolgunma ýagdaýyndadylar. Ýolda olar duş gelen her bir adamy saklap, oňa perişde we ajaýyp täzelik hakda gürrüň berdiler: Halasgär Isa doguldy! Çopanlaryň perişdä ynanyp, Öz Ogly Bäbejik Isany ilki bolup görenlerine Hudaý begendi. Çopanlaryň perişdä ynanyşlary ýaly, bizem Mukaddes Kitapda Isa hakda gürrüň berlen zatlaryň hemmesine ynanyp bileris. Doga edeliň Rebbim, çopanlara bolşy ýaly, biziň üçin hem, bu dünýä Isany ibereniňe Saňa minnetdar! Seniň islendik wagtda biziň bilendigiňe ynanmaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Mukaddes Kitapda Hudaý Isanyň mydama biziň bilendigini aýdýar. Sen şuňa ynanýarsyňmy? Sen edil şu wagt Hudaýa Özüni söýýändigiňi aýdyp bilýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe söz ýazylmandyr. Olary ýaz. Perişde olara şeýle diýdi: «_______________________, ine, men size bütin halky begendirjek ____________________ buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size ______________________ doguldy. Ol Reb Mesihdir». Luka 2:10–11 3. Мerýem bilen Ýusup Nasyradan Beýtullahama çenli uzak hem agyr ýoly geçdiler. Oňa az aralyk galdy. Olara dogry ýoly saýlamaga kömek et. TÄZE ÝYLDYZ Matta 2:1–11 Müneçjimler özlerini Hudaýyň Özüniň ýol görkezip alyp barjagyna ynandylarmy? Ýa-da olar öýlerinde oturdylarmy? Isa Beýtullahamda doguldy. Bu kiçijik şäherde Bäbegiň doglanyny az adam bildi. Ýöne müneçjimler — uzakda, gündogarda ýaşaýan akyldarlar adaty bolmadyk bir zadyň bolup geçenini bildiler. Her gije müneçjimler ýyldyzly asmana seretdiler. Ine-de, bir gün olar beýleki ýyldyzlardan has ýagtyny köp saçýan bir ýyldyzy gördüler. Olar nirededir bir ýerde täze patyşanyň doglanyna düşündiler. Ol ähli adamlaryň, hatda uzakda, gündogarda ýaşaýan bu akyldarlaryň hem patyşasy bolar. Ýyldyz täzedi, ol asmanyň günbatar tarapynda ýalpyldap durdy. Bu müneçjimleriň bilýän zatlarynyň hemmesidi. Patyşanyň ady-da, ony nireden gözlemelidigi-de olara mälim däldi. Şeýlelikde, müneçjimler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar ajaýyp ýyldyzyň yzyna düşüp gidip, täze patyşanyň ýanyna alyp barjak ýoly Hudaýyň görkezjegine ynanyp, diňe Oňa umyt baglap bilýärdiler. Ýa-da müneçjimler hiç ýere gitmän, ýyldyzly asmany öwrenmeklerini dowam etdirip bilýärdiler. Olar özleriniň gören täze ýyldyzy hakda kitap ýazyp bilerdiler, ýöne şol täze patyşanyň kimdigini hiç haçanam bilmezdiler. Mundan soň, ine, näme boldy. Müneçjimler uzak ýola taýýarlyk gördüler. Olar ýolda özlerine gerek boljak zatlaryň hemmesini aldylar. Olar iýmit, geýim we sowgatlar — Beýik Patyşa üçin ajaýyp sowgatlar aldylar. Olar günbatarda şöhle saçyp duran ýyldyza seredip, ýola düşdüler. Müneçjimler asmanda näme gördüler? Olar nähili saýlaw etdiler? Täze Patyşany tapmak üçin müneçjimlere köp wagt gerek boldy. Gündiz olar ýatdylar, gije bolsa, ýyldyzyň yzy bilen ýöremegi dowam etdirdiler. Ýyldyz asmanda süýşüp, olary öz yzy bilen alyp barýan ýalydy. Müneçjimler Iýerusalime girenlerinde, Patyşa hökman şunuň ýaly uly şäherde dünýä inmelidir diýip pikir etdiler. Şonuň üçin olar: — Täze Patyşa nirede doguldy? — diýip soradylar. — Bizi bu ýere Onuň ýyldyzy alyp geldi. Hirodes patyşa täze doglan Patyşa hakda hiç zat bilmeýärdi, şonuň üçin iň pähimli adamlary çagyrmagy ýüregine düwdi. Olar özleriniň kitaplaryna uzak wagtlap seredişdirdiler-de, ahyrsoňy: — Оl Beýtullahamda — diýdiler. Hirodes patyşa gündogardan gelen müneçjimlerden ýyldyzyň haçan peýda bolanyny sorady we ondan soň Beýtullahamdaky Çagany gözläp tapmagy maslahat berdi. Müneçjimler Iýerusalimden çykdylar. Ýyldyz ýene olaryň öňlerinde öwşün atdy. Indi ol olary Beýtullahama alyp geldi. Ol ýerde, kiçijek öýjagazda, olar ejesi Merýem bilen Isany tapdylar. Ýyldyz müneçjimleri nirä alyp bardy? Olar Isany tapanlaryndan soň näme etdiler? Bäbegi görenlerinde, müneçjimler Oňa tagzym etdiler. Soň olar özleriniň Onuň üçin alyp gelen sowgatlaryny — öwşün atýan altyny, ýagy we müşki görkezdiler. Akyldarlar haýran galdyryjy ýyldyz we dünýä inen patyşany tapmak üçin geçen uzak ýollary hakda Merýeme gürrüň berdiler. Müneçjimleriň Isany görmek isländiklerine Hudaý begendi. Hudaý olaryň Özüniň asmana çykaran ýyldyzynyň yzyna düşüp gelendiklerine şat boldy. Isa olaryň Patyşasy bolar! Biz Hudaý özümizi nirä alyp gitse, Onuň yzy bilen gitme kararyna gelip bileris. Doga edeliň Rebbim, müneçjimlere ýyldyz çykaranyň, ýyldyzyň olary Isanyň ýanyna alyp geleni üçin Saňa minnetdar. Bize-de Seniň yzyňa eýermäge kömek et. Şol müneçjimler ýaly, bizem Seniň Ogluňa tagzym etmegi hemme zatdan-da köp isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Bizde yzyna düşüp gider ýaly ýyldyz ýok, ýöne biz Hudaýdan özümize dogry ýoly görkezmegini haýyş edip bilýäris. Hudaý seni nirä alyp barsa-da, Onuň yzyna düşýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Olar ____________________ görüp, juda begendiler. Öýe girip, Çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa _____________________…» Мatta 2:10–11 3. Ýyldyza meňzeş bolan iki kitaby tap. «TORLARYŇYZY GOÝUŇ» Markus 1:16–20 Petrus, Andrys, Ýakup we Ýohanna Mesihiň yzyna düşdülermi? Ýa-da olar balykçylyk etmegi dowam etdirdilermi? Ýaňy daň saz berip, Günüň ilkinji şöhleleri ýaňy görnüp ugrapdy. Jelile deňziniň suwunyň ýüzünde balykçylaryň gaýygy sessiz ýüzüp ýördi. Olaryň birinde iki dogan, Petrus bilen Andrys, beýlekisinde-de iki dogan — Ýakup bilen Ýohanna bardy. Olar gijesi bilen balyk tutjak boldular. Olaryň dördüsem tejribeli balykçydylar, deňze gijelerine balyk tutmaga ýygy-ýygydan gidýärdiler. Ir ertir bilen olar tutan balyklaryny alyp geldiler. Erkekler uly torlar bilen balyk tutdular. Ilki olar torlary gaýyga goýup, deňze gitdiler. Ol ýerde olar torlarynyň bir gyrasyndan berk tutup, olary deňze okladylar. Balyk ýüzüp gelip, tora girdi-de, oňa çolaşdy. Balykdan doly torlary doganlar suwdan çekip çykardylar-da, balyklary alyp, öýlerine gaýtdylar. Olar tutan balyklaryny iýýärdiler. Ýöne çörek hem miwe satyn almak üçin olar balyklary satýardylar. Balykçylar torlaryny deňze oklandan soň garaşýardylar. Käwagt olar irkilýärdiler. Käwagt hem, özleriniň gaýygynyň ýokarsynda aýlanyşyp ýören çarlaklary synlaýardylar. Kä halatlar-da hem, kenarda aýlanyşyp ýören adamlary synlaýardylar. Ine, olar bir gün ýeke özi gidip barýan bir adamy görýärler. Ol Isady! Ol eýýäm ulalyp, uly adam bolupdyr. Isa Petrus bilen Andrysa: — Meniň yzyma düşüň, Men sizi adam tutýan balykçy edeýin — diýip ýüzlenýär. Soň Ol Ýakup bilen Ýohannadan hem Özüniň yzyna düşmegi haýyş edýär. Her gaýykda näçe dogan bardy? Balykçylar kenarda kimi gördüler? Doganlar biri-birleriniň ýüzlerine seredýärler. Olar «adam tutýan balykçynyň» nämäni aňladýanyna düşünmediler. Ýöne nämedir bir zat balykçylara özlerini Isanyň yzyna eýermeklige Hudaýyň Özüniň çagyrýandygyny aýtdy. Özlerinden Hudaýyň şeýle ädimi ätmeklerine garaşýanyny duýdular. Şeýlelikde, indi Petrus, Andrys, Ýakup hem Ýohanna wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Hudaýyň çagyryşyna gulak asyp, Isanyň yzyna düşüp we Onuň şägirtleri bolup bilýärdiler. Ýa-da özleriniň gaýygynda galyp, balykçylyk etmegi dowam etdirip hem bilýärdiler. Balykçylar näme etdiler? Petrus bilen dogany Andrys torlary ellerinden goýberdiler. Olaryň tutan balyklarynyň hemmesi deňze gitdi. Ýakup bilen dogany Ýohanna hem, torlary goýdular. Balykçylaryň dördüsi-de küreklere ýapyşyp, kenara tarap kürekläp başladylar. Gury ýere çykanlaryndan soň, olar Isanyň ýanyna bardylar. Isa balykçylara näme teklip etdi? Dört balykçy dogry saýlaw etdimi ýa ýok? Petrus, Andrys, Ýakup hem Ýohanna Isa özleriniň Onuň bilen gitjekdiklerine we Onuň iň gowy dostlary boljakdyklaryna söz berdiler. Olar Isadan öwrenerler we Onuň şägirtleri bolarlar. Dört balykçy «adam tutýan balykçylar» bolarlar-da, adamlara Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň bererler. Petrusyň, Andrysyň, Ýakubyň we Ýohannanyň Isanyň yzyna düşmek isländiklerine Hudaý begendi. Isa olaryň wepaly şägirtler boljakdyklaryny bilýärdi. Bizem Isanyň kömekçileri bolup bileris. Doga edeliň Rebbim, Sen bizi Isanyň şägirtleri bolmaklyga çagyrdyň. Munuň üçin näme etmelidigini bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Isa seniň hem, Öz kömekçisi bolmagyňy isleýär. Ýöne ilki bilen, dört balykçynyň edişi ýaly, saňa Onuň şägirdi bolmak gerek. Sen hemme zady öwreneniňden soň, sen Oňa nähili kömek edersiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan __________ edeýin» diýdi. Olar hem, derrew ____________ taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Мarkus 1:17–18 3. Suratda näçe balygyň çekilenini sanasaň, Isanyň «resullar» diýlen ýakyn şägirtleriniň sanyny bilersiň. GUÝYNYŇ BAŞYNDA Ýohanna 4:4–30, 39 Guýynyň başynda Isanyň duşan aýaly öz tanyşlaryna Isa hakda gürrüň berdimi? Ýa-da ol aýal gürrüň bermekden gorkdumy? Indi Isanyň on iki şägirdi bardy. Olar hemme ýerde Onuň bilen bile gidýärdiler. Bir gezek Isa Öz şägirtleri bilen bir ýat ýurda bardy. Olar bir kiçiräjik şäheriň eteginde saklandylar. Isa guýynyň ýanynda dynç almak üçin oturdy, şägirtleri bolsa, iýmit satyn alyp gelmek üçin şähere gitdiler. Isa ir ertirden bäri ýoldady, şonuň üçin günortanlar örän suwsady. Ýöne Onda guýudan suw çekip alar ýaly zady ýokdy. Tiz wagtdan guýynyň ýanyna bir aýal geldi. Ol günortanyň yssysynda suw almaga geldi, bu bolsa, adaty zat däldi. Ýöne ol aýal şäheriň beýleki ýaşaýjylary suwa gelen wagtynda bu ýere gelmek islemeýärdi. Ol özüniň edýän käbir işlerinden utanýardy, şol sebäpden hem, adamlar bilen duşuşmakdan gaça durýardy. Ol Isany tanamaýardy. Ol bu Adama öz durmuşy hakdaky hiç zadam mälim däl diýip pikir edýärdi. Diýmek, ol Isadan gizlenmän bilýärdi. Isa aýala nähili haýyş bilen ýüzlendi? Näme üçin ol aýal adamlara duş gelmekden aça durýardy? Isa ol aýaldan suw soraýar. — Sen näme üçin menden suw soraýarsyň? Seniň halkyň bizi halamaýar ahyry — diýip, aýal haýran galdy. Isa oňa: — Sen Meniň Kimdigimi bilmeýärsiň. Eger bilýän bolsaň, onda seniň özüň Menden kömek sorardyň we şondan soň hiç haçan oňa mätäç bolmazdyň — diýdi. Soň Isa: — Bar git-de, adamyňy bu ýere alyp gel — diýdi. — Meniň adamym ýok — diýip, aýal boýun aldy. — Dogry. Seniň köp adamyň bolupdy. Seniň şu wagtky ýaşaşýanyň hem, öz adamyň däl. Aýal haýran galmadan ýaňa doňup galdy. Isa ol hakda hemme zady bilýärdi. Ýöne Isa aýala ömründe duş gelen adamlaryň hemmesinden-de gowy ýaly bolup göründi. Ol Isanyň adaty Adam däldigine düşündi. Isa bilen aýal Hudaýa tagzym etme hakda gürrüň etdiler. Isa Özüniň Hudaýyň Ogludygyny, dünýäniň Halasgäridigini gürrüň berdi. Şol wagt şägirtler guýynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Ýöne olar bu ikisiniň näme hakda gürrüň edendiklerini soramadylar. Şeýlelikde, aýal wajyp saýlaw etmeli. Ol şähere gidip, tanyşlarynyň hemmesine Isa hakda gürrüň berip bilýär. Elbetde, şeýle etse ol utanýany üçin görmek islemeýän adamlary bilen duşuşmaly bolýar. Ýa-da ol Isa hakda hiç zat aýtman öýüne gitmeli bolýar. Näme üçin aýal öňki gaça durup ýören adamlary bilen gürleşmekçi boldy? Ol aýal näme etdi? Ol şähere tarap ylgap gitdi. Indi ol adamlara duş gelmekden gokmaýardy. Isa oňa kömek etdi. Ol oňa Hudaýa nädip sežde etmelidigini gürrüň beripdi. Bu aýal ýolda duş gelen adamlarynyň hemmesine: — Men hakda hemme zady bilýän Adamy görmäge howlugyň. Ol Halasgär bolsa gerek — diýip çykdy. Günortanyň jöwzasyna garamazdan, köp adamlar guýynyň ýanyna geldiler-de, Isany diňlediler. Aýalyň gürrüň beren Adamy bolan Isanyň özleriniň şäherine gelenine olar begendiler. Hudaý hem begendi. Şäherdäkileriň hemmesi Isa hakda bildiler, sebäbi ol aýal olara bu ajaýyp täzeligi aýdypdy. Adamlaryň Isa hakda bilmekleri üçin olara Ol hakda kimdir biri gürrüň bermeli! Öz tanyşlarymyzyň hemmesine Isany tanaýandygymyzy gürrüň bermegimizi Ol isleýär. Doga edeliň Rebbim, biz hakda hemme zady bilýän bolsaň-da, bizi söýýäniň üçin Saňa minnetdar. Bu şatlykly habary öz tanyşlarymyz bilen nähili paýlaşmalydygymyzy bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öz tanyşlaryňa Isa hakda näme gürrüň berip bilýärsiň? Sen olara Isa hakdaky iň gowy görýän aýdymyňy aýdyp berip bilermiň? Ýa-da Täze Ähtde gürrüň berilýän wakalaryň birini gürrüň berip bilermiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Isa oňa şeýle jogap berdi: …Meniň berjek ______________ içen asla ___________________, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik _____________ çeşmesi bolar». Ýohanna 4:13–14 3. Isanyň guýynyň boýuna gelen aýala duşan şäheriniň ady Samariýady. Suratda bu ady düzýän harplary tap. UZAKDA DURUP ŞYPA BERIŞ Matta 8:5–13 Rim ýüzbaşysy Isanyň uzakda durup şypa berip biljegine ynandymy? Ýa-da ol Isa hökman syrkaw adamyň ýanynda bolmaly diýip pikir etdimi? Isa nirä barsa-da adamlara Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň berdi. Şeýle hem, Ol adamlara elini degrip, olara şypa berdi. Isanyň söýgüsi we şypa beriji güýji hakda eşiden adamlar hakda uzaklardan hem Onuň ýanyna geldiler. Isa haýsy şähere barsa, şol ýerde uly mähelle akym ýaly bolup, Onuň ýanyna gelýärdi. Köplenç Ol kynlyk bilen ýöreýärdi, sebäbi adamlaryň mähellesi Ony berk gurşap alýardy. Bir gün rim ýüzbaşysy Isa bilen gürleşdi. Ýüzbaşynyň öýünde wepaly hyzmatkäri galypdy. Şol hyzmatkär syrkawdy, ony hiç kim bejerip bilmeýärdi. Ol şeýle bir ýarawsyzdy welin, hatda Isanyň ýanyna-da özi gelip bilmedi. Şonuň üçin Isanyň ýanyna onuň hojaýyny geldi. Belki, ol Isanyň adamlary bejerişi hakdaky gürrüňleri köp eşidendir. Adatça Isa syrkawyň näme isleýändigini soraýardy-da, oňa elini degirýärdi welin, ol adam sagalýardy. Ýüzbaşy Isa: — Meniň öýümde syrkaw hyzmatkärim bar. Оl düşekde ýatyr, hereket edip bilmeýär. Ol agyr halda — diýýär. Isa: — Men seniň öýüňe baryp, hyzmatkäriňe şypa berjek — diýdi. Şeýlelikde, rim ýüzbaşysy wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isadan kömek berip duran mähellesini goýup, özi bilen öýüne gitmegini haýyş edip bilýärdi. Belki, syrkaw hyzmatkäre kömek etmäge entek giç bolmazdy. Ýa-da ol Isada hatda uzak aralykdan hem şypa berer ýaly gudratly güýjüniň bardygyna ynanyp bilýär. Rim ýüzbaşysy Isanyň şypa beriji güýjüniň bardygyna ynandymy? Ine, rim ýüzbaşysy Isa näme diýdi: — Men Seniň öýüme gelmegiňe mynasyp däldirin. Sen meniň hyzmatkärime sagalmagy buýursaň, ol sagalar. Men Saňa muny harby ýolbaşçy hökmünde aýdýaryn. Men öz esgerlerime ýöremegi buýursam, olar ýöreýärler. Men Seniň şypa beriji güýjüň bardygyna ynanýaryn. Eger Sen hyzmatkärimiň sagaljagyny aýtsaň, ol hökman sagalar. Isa: — Seniň ynamyň nähili uly! Bar, hyzmatkäriň sagaldy! — diýdi. Hyzmatkäre näme boldy? Ýüzbaşy öýüne howlugyp gaýtdy. Öýüne baranda, ol hyzmatkäriniň sagalandygyny we işe başlamaga taýýardygyny gördi. Ol syrkaw däldi. Hyzmatkär Isa onuň sagalandygyny aýdan wagty sagalypdy. Isa Öz güýjüne bolan ynamyň ýüzbaşyda şeýle köp bolandygyna begendi. Ol bu adamyň hyzmatkärini sagaldyp bilenine begendi. Isanyň biziň ýanymyzdaky we bizden uzakda bolan adamlara hem kömek etmäge güýjüniň ýetýändigine ynanyp bileris. Doga edeliň Rebbim, biziň maşgalamyzy her dürli belalardan we kesellerden gora. Biziň gowy görýänlerimiz — ýanymyzdakylar we bizden uzakdakylar bilen bile bol. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Bu gün biz Isany görüp bilmeýäris. Ýöne Onuň güýjüne ynanyp, kömek berjegine umyt baglap bileris. Sen Isanyň özüňe kömek etjegine ynanýarsyňmy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa ýüzbaşa: «Git, saňa _______________________ ýaly bolsun» diýdi. Onuň _________________________ şol sagadyň özünde sagaldy. Мatta 8:13 3. Ýüzbaşyny öýüne alyp barjak ýoly tap. KÖMEK BERIJI EL Matta 12:9–14 Isa gowy bolma we çagalara kömek etme kararyna geldimi? Ýa-da Ol içinde söýgi hem alada etmek hakda ýekeje söz hem bolmadyk kanuna eýerdimi? Isa Hudaýyň tabşyryklarynyň hemmesini bilýärdi, şonuň üçin olary berjaý edýärdi, sebäbi Hudaýy, Özüniň Gökdäki Atasyny söýýärdi. Ýöne adamlar başga kanunlar oýlap tapypdylar. Ol kanunlaryň käbirleri gowy hem adalatly däldi. Köplenç olar halky aldamak üçin ulanylýardy. Bir gün Isa bilen Onuň şägirtleri sežde etmek üçin ybadathana gelýärler. Bu Sabat, dynç günüdi. Adamlar Hudaýy şöhratlandyrýardylar we beren zatlary üçin Oňa minnetdarlyk bildirýärdiler. Isa bilen şägirtleri-de Ony şöhratlandyrdylar. Ybadathanada Isa eli guran adamy gördi. Ol adam şol eli bilen hiç zat edip bilmeýärdi. Ol ýazyp, işläp bilmeýärdi, hatda özbaşdak geýnip hem bilmeýärdi. Isa ony bejermek isledi, ýöne adamlaryň oýlap tapan kanuny beýle etmäge Oňa rugsat bermeýärdi. Adama kömek etmeklik iş hasap edilýärdi, Sabat güni bolsa, hiç kimiň iş etmäge haky ýokdy. Isa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Atasynyň göwnünden turmagyň usullarynyň biriniň gowy adam bolup, adamlara kömek etmekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Isa maýyby sagaltmak isledi. Ol bu işi şol ýerde, hemmeleriň Hudaýa sežde edýän ýerinde etmek isledi. Ýöne eger Ol şeýle etse, kanunçylaryň Onuň eden zadyny görüp, Ony goldamazdylar. Isa başga saýlaw hem edip bilýärdi. Ol garaşyp, ol adama başga bir gün kömek edip bilýärdi. Ýöne eger Ol garaşsa, onda ol adam gidýärdi. Isa ybadathana hepdäniň haýsy güni geldi? Isa ol ýerde gören maýyp adamy üçin äme etmek isledi? Näme üçin kanunçylar Isanyň bu adama kömek etmegini islemedi? Isa näme etdi? Ol Özüni saklajak bolan kanunçylara tarap öwrülip: — Eger siziň goýnuňyz çukura ýykylan bolsa, siz näme ederdiňiz? Siz ony Sabat güni çykarardyňyzmy ýa-da ertire çenli garaşardyňyzmy? Adam bolsa, goýundan deňeşdirip bolmajak derejede gymmatdyr. Şonuň üçin hatda Sabat güni hem adama kömek etmek örän dogrudyr — diýdi. Bu sözlerden soň Isa maýyp adama: — Eliňi uzat — diýdi. Maýyp adam elini uzatdy welin, eli şol pursatda sagaldy! Isanyň maýyp adamy sagaldanyna Hudaý begendi. Isa Özüniň gökdäki Atasyny şöhratlandyrmagyň iň gowy usulyny saýlady. Biz ýagşylyk etmek we adamlara kömek bilen ýörite bellenilen günde Hudaýy şöhratlandyryp bileris. Doga edeliň Rebbim, Seniň aýratyn günüňde adamlara nädip ýagşylyk hem kömek etmelidigini bize görkez. Biziň Seni nähili gowy görýändigimizi Seniň bilmegiňi isleýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Hepdäniň haýsy güni mesihilerde Hudaýa tagzym edilýän gün? Şol gün ýygnaga barmak bilen sen Hudaýa bolan söýgiňi görkezýärsiň. Şol gün başga adamlara kömek etmek bilen sen Hudaýa bolan söýgiňi görkezip bilýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…Sizden haýsy adam bir ________________ bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, goýny alyp çykarmaz? _____________ goýundan näçe gymmatlydyr! Munuň üçin Sabat güni ____________ etmek bolar». Мatta 12:11–12 3. Bu kimiň kölegesi? Bu suratdaky guşlaryň hemmesini reňkle. «MEN BIRINJI!» Markus 9:33–37 Isanyň şägirtleri biri-birini goldadylarmy? Ýa-da olar kimiň iň esasydygy hakda jedelleşdilermi? Isanyň şägirtleri mydama diýen ýaly bilediler. Olar bile iýip-içýärdiler, bile syýahat edýärdiler. Olar edil uly bir maşgala ýaly bolup ýaşaýardylar. Olar Isany diňleýärdiler we beýleki adamlara Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň berýärdiler. Şägirtler wagtlarynyň aglaba bölegini gowy dostlar hökmünde geçirýärdiler we biri-biriniň aladasyny edýärdiler. Ýöne käwagt islendik uly maşgalada bolşy ýaly, Isanyň özlerine öwreden zatlarynyň hemmesini ýatdan çykarýardylar. Käwagt olar biri-biri bilen paýlaşmalydygyny we gowy bolmalydygyny ýatdan çykarýardylar. Käte olar söýgini-de ýatdan çykarýardylar. Bir gezek Isanyň şägirtleriniň hemmesi bile bir şähere gitdiler. Ýolda olar gürleşdiler. Belki, olar howa hakda gürrüň edendirler. Belki, birnäçe sagat ozal Isadan eşiden wakasyny ýatlandyrlar. Birden olaryň biri özüni Isanyň beýlekileriň hemmesinden-de köp gowy görýänini, onuň Isanyň iň gowy şägirdidigini, birinji nobatdaky şägirtdigini ýoldaşlaryna yglan edýär. Bu sözleri eşidenlerinde, beýleki şägirtler gynandylar. Şeýlelikde, olar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar özleriniň dostuna her biriniň Isa üçin deň derejede gymmatlydygyny ýumşaklyk bilen ýatladyp bilýärdiler. Şonda olar dawalaşmakdan gaça durup bilýärdiler. Ýa-da olar dawalaşmaga başlap bilýärdiler. Olaryň her biri hut özüniň Isanyň şägirtleriniň içinde iň gowudygyny we iň esasydygyny aýdyp bilýärdi. Şägirtler näme etdiler? Olar dawalaşyp başladylar. Olaryň biri Isa üçin özüniň iň wajypdygyny, sebäbi Onuň zerur tabşyryklaryny ýerine ýetirýändigini aýtdy. Beýlekisi özüniň Isa bilen beýlekilerden öň tanşandygyny, şonuň üçin özüniň iň esasydygyny gygyryp aýtdy. Dawalaşýanlaryň biri özüniň esasydygyny, sebäbi Isanyň öz ejesi bilen tanyşdygyny aýtdy. Olar dawalaşmagy, sögüşmegi we biri-biri bilen tersleşmegi dowam edip ýöräberdiler. Ahyrsoňy Isa olardan näme hakda gürrüň edýändiklerini sorady. On ikileriň ýekejesi-de jogap bermedi. Özleriniň näme hakda gürrüň edýänlerini Isanyň biljekdigi hemmeleri gorkuzýardy. Ýöne Isa hemme zady bilýärdi! Şägirtler nämäniň dawasyny etdiler? Оlar dogry saýlaw etdilermi ýa-da ýok? Оl Öz şägirtlerine: — Мeniň nazarymda her biriňiziň iň esasy bolup görünmek isleýändigiňizi bilýärin. Ýöne eger siz şonuň ýaly bolmak isleýän bolsaňyz, onda hemmelere kömek etmelisiňiz — diýdi. Isa eline kiçijik bir çagany alyp: — Aýratynam, çagalara gowy boluň. Çaga ýagşylyk etmek, Maňa ýagşylyk etmekdir. Siz Meniň üçin edýän zadyňyzy bolsa, Meniň Gökdäki Atam Hudaý üçin edýänsiňiz. Mesihiň pikiriçe kim Özi üçin has wajyp? Şägirtler gynandylar, sebäbi olaryň arasyndaky dawany Isanyň bilmegini islemeýärdiler. Isanyň olaryň her biriniň özüni beýgeltmän, öz ýakynyna kömek etmegini isleýändigini olar bilýärdiler. Olara biri-birini goldamak we hatda kiçijik çagalara-da kömek etmek gerek. Isa Öz şägirtleriniň biri-biriniň aladasyny etmegini isleýärdi. Kimiň iň esasydygy hakda dawa edendikleri sebäpli Isa olary gowy görmegini bes etmedi. Hudaýyň Ogly Isa olary bagyşlady-da, olara nädip Özüniň has gowy kömekçileri bolup biljekdiklerini görkezdi. Başga adamlara kömek etmek olaryň öňünde wajyp adam bolup görünjek bolmakdan gowudyr. Doga edeliň Rebbim, başga adamlaryň öňünde wajyp adam bolup görünjek bolýandygymyz üçin bizi bagyşla. Sen biziň hemmämizi deň derejede gowy görýärsiň we biri-birimize kömek etmegimizi isleýärsiň. Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Käbir adamlar kim güýçlüräk ýa-da baýrak bolsa, şol wajyp adam diýip hasaplaýarlar. Seniň pikiriňçe muňa Isa näme diýerdi? Seniň pikiriňçe adamlaryň bähbidini öz bähbidiňden ýokary tutýanyňy nädip görkezip bolýar? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Isa… olara: «Biri _______________ bolmak isleýän bolsa, hemmäniň _________________, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi». Мarkus 9:35 3. Sen on iki resulyň hemmesiniň atlaryny bilýärsiňmi? Isanyň bu şägirtleriniň atlaryny oka we olary ýatda sakla. ISA ÇAGALARY SÖÝÝÄR Matta 19:13–15 Isanyň şägirtleri öz Mugallymlarynyň ýanyna çagalaryň gelmegine ýol berdimi? Ýa-da olar çagalary Onuň ýanyna goýbermedilermi? Ajaýyp bahar günleriniň birinde bir adam şähere ajaýyp täzelik getirdi. Isa bu şäheriň adamlarynyň ýanlaryna gelýär! Ol şu gün bu ýere gelýär! Вu şäherdäki maşgalalaryň atalarynyň hemmesine şobada iş tapylan bolsa gerek. Belki, olar ýoldaky daşlary we şahalary aýrandyrlar. Belki, olar Isa oturyp dynjyny alar ýaly oňaýly ýer ýasamaga başlandyrlar. Soň erkek adamlar Onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlandyrlar. Bu şäherdäki ejeleriň hemmesi-de özlerine iş tapandyrlar. Olar torbalaryna iýmit salandyrlar. Belki, olar çagalaryny suwa düşürendirler. Soň aýallar özleriniň iň gowy geýimlerini geýendirler. Olaryň her biri Isany basymrak görmek isländirler. Ahyrsoňy kimdir biri: — Isa şäher diwarlaryna ýetip gelýär — diýip gygyrdy! Hemmeler köçelere çykyp, ýola seredip başladylar. Isa garaşyp durkalar, ejeler bilen kakalar öz aralarynda gürleşendirler. Belki, olar Isa özleriniň çagalaryny eline alyp, olaryň her birine, hatda iň kiçisine-de ak pata berse nähili gowy boljakdygy hakda gürrüň edendirler. Isa mydama hemmeleri, elbetde, çagalary-da gowy görýändigini aýdýardy. Näme üçin her bir maşgalada Isa garaşdylar? Isa şähere girdi-de, Özi üçin taýýarlanan ýerde oturdy we günorta çenli şäherliler bilen gürleşdi. Adamlar Ony ünsli diňlediler. Hatda çagalaram bu gün özleriniň ýanyna adaty bolmadyk bir Adamyň gelenine düşünýän ýalydylar. Isanyň olary görjekmidigi olar üçin gyzyklydy. Günortanlyk nahary wagty bolanda, aýallar iýmitlerini çykardylar. Hemmeler garbanmak üçin otuň üstünde oturdylar. Isanyň şägirtleri-de, Onuň golaýynda oturdylar-da, öz aralarynda ýuwaşjadan gürleşdiler. Olar Mugallymlarynyň asudalygyny bozmak islemediler. Вirden birnäçe ene-ata ellerine çagalaryny alyp, Isa tarap ýörediler. Şägirtlerem olary gördüler. Olar çagalaryň Isany bimaza etmegini islemediler. Belki, olar çagalar Onuň üns berilmegine mynasyp däl hasap edendirler. Şeýlelikde, Isanyň şägirtleri wajyp saýlaw etmeli. Olar ene-atalara çagalaryny Mugallymyň ýanyna alyp gelmäge rugsat edip bilýärler. Ýa-da olar olary çagalary bilen bile kowup, Isadan Onuň ýanyna kimdir biriniň gelenini gizläp hem bilýärler. Ine, şägirtler näme etdiler. Olar ene-atalara çagalaryň Mugallymy bimaza etmegine ýol bermejekdiklerini aýdýarlar. Isanyň çagalar üçin wagty ýok. Ol örän işli, şonuň üçin olary görmek islemeýär. Ine, olar näme diýipdiler. Ene-atalar örän gynandylar. Isa çagalary gowy görmeýärmikä? Ýöne Isa şägirtleriniň sözlerini eşidip: — Çagalary Meniň ýanyna goýberiň. Olar Meniň Patyşalygymda iň wajyp adamlardyrlar — diýdi. Şägirtler ene-atalara näme diýdiler? Çagalary görende Isa näme diýdi? Çagalar Isanyň ýanyna golaýlaşdylar. Ol olaryň iň kiçilerini Öz dyzynda oturtdy. Ol olara gyzykly wakalary gürrüň berdi. Soň Isa çagalaryň hemmesine ak pata berdi we olaryň her biri, hatda iň kiçisi üçin hem, doga etdi. Çagalaryň hemmesi örän begendiler! Ejeler bilen kakalar hem begendiler. Şonda şägirtler özleriniň nämede ýalňyşandyklaryna düşündiler. Isa çagalara üns bermez ýaly derejede hiç haçan hem işli bolmaýar. Isa çagalary gowy görýär, çagalar hem Ony gowy görýärler. Biz öz dostlarymyzyň gadryny bilmelidiris, sebäbi olar Isa üçin gymmatlydyrlar. Doga edeliň Isa, Seniň meni gowy görýäniňe we çagalaryň hemmesiniň Seniň üçin gymmatlydygyna men şat. Olary meniň hem gymmat görýändigime düşündirmäge maňa kömek et. Seniň adyň bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen haçan hem bolsa bir adam bilen ol seniň üns bermegiňe mynasyp däl ýaly bolup gürleşdiňmi? Belki, sen kiçi jigiňi ýa-da dostuňy diňlän dälsiň? Isa üçin adamlaryň hemmesem gymmatly, şonuň üçin saňa-da her bir adam gymmatly bolmalydyr. 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Emma Isa: «Degmäň, _______________ Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki _____________________ Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. Мatta 19:14 3. Iki sany birmeňzeş pyrlaýan oýunjagy tap we olary dürli reňk bilen reňkle. КIM KÖMEK EDER? Luka 10:25–37 Samariýaly urlan adama kömek etdimi? Ýa-da ol onuň deňinden geçip gitdimi? Meniň ýakynym kim? — diýip, bir adam Isadan sorady. Bu soragy beren adam Isanyň jogabyny eşitmegi diýseň isleýärdi, sebäbi Hudaýyň tabşyryklarynda: «Rebbiň Hudaýy bütin ýüregiň bilen söý. Ýakynyňy, edil özüňi söýşüň ýaly söý» — diýilýär. Bu soraga jogap berende Isa bir tymsal aýtdy: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho adamsyz ýoldan gidip barýardy. Ol özüne talaňçylaryň garaşyp ýatanyny bilmeýärdi. Talaňçylar birden onuň üstüne hüjüm edýärler! Olar ýeriň aşagyndan gögerip çykan ýaly boldular. Olar ýolagçyny ýenjip, onuň puluny alýarlar. Soň olar ýenjilen hem talanan adamy ýolda taşlap gidýärler. Hudaýyň tabşyryklarynda ýakynyňa bolan söýgi hakda näme diýilýär? Köp wagt geçmänkä, şol ýolda ybadathana gullukçysy göründi. Ol urlan adamy gördi, ýöne oňa kömek etjek bolup saklanmady, sebäbi ol görgi gören adamy tanamaýardy. Belki, gullukçy juda howlugandyr ýa-da onuň aladasyny etmek islän däldir. Mundan soň ýolda başga bir adam peýda boldy. Ol ybadathana gullukçysyna kömek edýärdi. Ol hem urlan we talanan adamy gördi, ýöne tanamaýan adamyna kömek etmek üçin saklanjak hem bolmady. Belki, ol juda işli adam bolandyr. Belki, ol üstüne hapa ýokar öýdendir. Az wagtdan soň şol ýolda bir adam göründi. Ol Samariýa tarapdan gelýärdi, şonuň üçin ol hem urlan adamy gördi. Ol adam bu bagtyýatan adamy tanamaýardy, ýöne oňa kömek gerekdigine düşünýärdi. Şeýlelikde, samariýaly adam wajyp saýlaw etmelidi. Ol saklanyp, talaňçylardan ejir çeken adama kömek edip bilýär. Ýa-da ol beýleki ýolagçylar ýaly, öz ýoly bilen gidip hem bilýärdi. Ine samariýaly näme etdi. Ol eşegini saklap, derrew urlan adamyň ýanyna bardy. Ol onuň ýaralaryny ýuwdy we öz eşiginden ýyrtyp alan mata bölejikleri bilen ýaralaryny daňdy. Soň güýçden gaçan adamy ýuwaşjadan göterip, seresaplyk bilen eşege mündürdi-de, ýuwaşjadan şäher tarapa alyp gitdi. Ahyrsoňy olar, adatça ýolagçylaryň gije ýatmak üçin düşleýän myhmanhanasyna baryp ýetdiler. Şol ýerde hem, samariýaly görgüli ýarala seredip çykýar. Ertir bilen ol rehimdar adam ýoluny dowam etdirmelidi. Ol myhmanhananyň eýesine pul berip, ondan özüniň bu ýere alyp gelen adamynyň aladasyny etmegini haýyş edýär. Şonda samariýaly adam: «Eger sen oňa meniň beren pulumdan köp çykdajy etseň, gaýdyp gelenimde saňa bererin» — diýýär-de gidýär. Isanyň gürrüň beren tymsalynda ýakynynyň kömegine kim mätäçdi? Samariýaly ýolagçy ejir çekene nähili kömek etdi? Isanyň gürrüň beren tymsalynyň soňy şeýle boldy. Soň Isa: — Ýoldan geçen adamlaryň haýsy talaňçylaryň uran adamynyň ýakyny boldy? — diýip sorag berdi. Isanyň tymsalyny diňlän adam eýýäm munuň jogabyny bilýärdi. Ol: — Saklanyp, oňa kömek eden samariýaly onuň ýakyny — diýip jogap berdi. — Sen dogry aýdýarsyň — diýip, Isa onuň bilen ylalaşdy. — Indi git-de, senem şonuň ýaly ýakyn adam bol. Ýakynlarymyza nädip rehimdar bolmalydygyna düşünmäge Hudaý bize kömek edýär. Doga edeliň Rebbim, rehimdar hem duýgudaş adamlar — biziň ýakynlarymyz üçin we biziň hem edil olar ýaly rehimdar bolmalydygymyzy görkezýäniň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Biziň käbir ýakynlarymyz — bu bize tanyş adamlar bolýar. Beýleki ýakynlarymyzy — biziň tanamaýan adamlarymyz bolýar. Tanamaýan adamymyza kömek gerek bolanda biz näme etmeli? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…Hudaýyň Rebbi bütin ___________________________, bütin _________________, bütin güýjüň we bütin düşünjäň bilen söý, ____________________ özüň ýaly söý». Luka 10:27 3. Isanyň gürrüň beren tymsalyndaky adamyň haýsy şähere gidip barýany ýadyňdamy? Suratda şol şäheriň adyny düzýän harplary tap. ÖÝDEN UZAKDA Luka 15:11–24 Ýiten ogul özüniň mamla däldigine düşünip, öýüne gaýdyp geldimi? Ýa-da ol ýat ýurtda galsa, özi üçin gowy diýip pikir etdimi? Adamlar Isanyň tymsallary gürrüň berşini gowy görýärdiler. Olar Oňa düşünýärdiler, sebäbi tymsallarda olaryň özleri ýaly adamlar hakda gürrüň berilýärdi. Bir gün Isa iki ogly bar bolan bir adam hakda gürrüň berdi. Uly ogul kakasyna hojalygy dolandyrmaga kömek edýän eken. Kiçi ogul bolsa, dünýäni görmek isläpdir. Şonuň üçin ol özüniň miras almaly puluny bermegini kakasyndan haýyş edýär. Оl puly derrew almak isledi. Ýeri näme, kakasynyň berjek mirasyny haçan ulanjagyny çözmäge onuň haky bardy. Şol sebäpden hem, kakasy oglunyň haýyşyny ýerine ýetirdi, soň olar hoşlaşdylar. Ol ýigit baran ýurdunda köp nädogry hereketleri etdi-de, tiz wagtdan pullarynyň hemmesini sowdy. Оnuň kakasynyň beren pulundan hiç zat galmady, hatda çörek almaga-da puly galmady. Ýigit açlykdan ölmez ýaly, bir adamyň işçisi bolup işe ýerleşdi-de, onuň doňuzlaryny bakyp başlady! Şol wagt ol: «Meniň kakamyň işçileri-de gerk gäbe doýýarlar. Men bolsa, aç gezip ýörün» — diýip pikir etdi. Şeýlelikde, kiçi ogul wajyp saýlaw etmelidi. Ol öýüne gaýdyp gelip, kakasyndan ötünç sorap, hatda bir döwüm çörek üçin hem işlemäge taýýardygyny aýdyp bilýär. Ýa-da ol doňuzlaryň ýanynda galyp, hiç hili erbet zat etmedim diýip pikir edip bilýär. Şeýle etse, ol öz öýüne gaýdyp barma pikiri bilen hemişelik hoşlaşmaly bolýar. Näme üçin kiçi ogul doňuzlaryň iýmini iýip başlady? Ýigit näme etdi? Ol doňuz örüsinden basymjak ylgap çykdy. Ýiten ogul kakasyna tarap howlukdy. Ogly gideli bäri kakasy oňa garaşyp ýördi. Ine, ahyrsoňy, ol öýüne alyp gelýän ýolda özüniň kiçi ogluny görýär. Onuň ýoluň tozany siňen ýyrtyk egin-eşigini görýär. Kakasy oňa gaharlandymy? Gazaba mündimi? Ýok! Ol diňe özüniň ogluny nähili gowy görýändigi we onuň gaýdyp gelenine begenýändigi hakda pikir etdi! Kakasy oglunyň öňünden ylgap çykdy-da, ony gujaklady. Ýigit özüniň kakasynyň öňünde nähili günälidigi hakda dynman gürledi. Ahyrsoňy ol: — Men seniň ogluň adyny almaga mynasyp däldirin — diýip ýüzlendi. Atanyň näme edenini bilýärsiňizmi? Ol ogluna öýündäki iň gowy geými getirip berdi. Ol hyzmatkärlerine baýramçylyk naharyny taýýarlamagy buýurdy we özüniň gaýdyp gelen ogluny adamlaryň görmekleri üçin goňşularynyň hemmesini çagyrdy. Ata özüniň ýüten ogluny nähili garşy aldy? Bu tymsaldaky ata kime meňzeýär? Isa bu tymsaly adamlara kömek etmek üçin gürrüň berdi. Isa adamlaryň özlerini Hudaýyň şu tymsaldaky atanyň öz kiçi ogluny söýşi ýaly şeýle güýçli söýýänini bilmeklerini isledi. Isa bu tymsaly, kiçi ogul ýaly, erbet işleri eden adamlara gürrüň berdi. Ýöne eger olar erbet zady edenine ökünseler, onda bagyşlama alarlar. Olar Hudaýyň maşgalasyna gaýdyp baryp bilerler. Hudaý hem olary hökman kabul edýär. Biz Hudaýa öz eden zatlarymyz hakda gürrüň berip bileris, Ol şonda-da bizi öňküsi ýaly söýer. Doga edeliň Rebbim, her gezek günäkär bolanymyzda, ötünç soramaga kömek et. Mydama bizi söýýän Atamyz bolup galýanyň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Saňa öz günäňi boýun almagyň kyn bolýan wagty bolýarmy? Ene-ataň seni bagyşlaýandyklaryny nädip bildirýär? Siz gujaklaşyp ýa-da bile doga edip bilýärsiňizmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylman galypdyr. Olary ýaz. «Ogly oňa: «Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy ____________. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl» diýýär». Luka 15:21 3. Ýiten ogla öýüne barýan ýoly tapmaga kömek et. HEMME ÝERDEN GÖZLEMEK Matta 18:12–14; Luka 15:3–7; Ýohanna 10:11 Çopan goýny tutanýerlilik bilen gözledimi? Ýa-da ol ony taşlap gitdimi? Isa köp, ýigrimiden gowrak goýny bolan çopan hakda ýene bir tymsal aýtdy. Onuň goýny hatda elliden-de köpdi. Onuň ýüz goýny bardy! Her gün irden çopan goýunlaryny örä goýberýärdi. Ol ýerde olar ot iýýärdiler, sowuk suw içýärdiler, Günüň aşagynda gezýärdiler we kölegede dynç alýardylar. Goýunlar her gün agşam öýe gelenlerinde, çopan olaryň biriniň hem azaşmandygyna göz ýetirmek üçin, olary sanaýardy — togsan ýedi, togsan sekiz, togsan dokuz, ýüz. Hemmesi ýerinde. Çopan gapyny ýapýar, goýunlar hem uzak gije howpsuzlykda bolýarlar. Bir gün agşam çopan, adatça edişi ýaly, goýunlary sanady — togsan ýedi, togsan sekiz, togsan dokuz… Näme bolduka? Ýüzünji goýun niredekä? Iň soňky kiçijik akmajyk niredekä? Ýitdi! Belki, ol tikenleriň arasynda ýa-da gowakdaky daşlaryň arasynda galandyr. Belki, ol ýaralanyp, ýöräp bilýän däldir. Şeýlelikde, çopan wajyp saýlaw etmeli. Ol garaňky gijäniň içinde öz goýnuny gözlemäge gidip bilýär. Ol ony tapýança gözläp bilýär. Ýa-da ol öýde galyp bilýär. Galyberse-de, onuň mal ýatagynda togsan dokuz goýny dur ahyry. Üstesine-de, ýiten goýun, belki, öýüne gitmek islän däldir. Çopanyň näçe goýny bardy? Ol bir gün agşam olary sananda, nämäni bildi? Çopan näme etdi? Ol mal ýatakdaky goýunlaryň hemmesiniň doly howpsuzlykdadygyna göz ýetirýär. Soň ol egnine donuny geýip, eline-de hasasyny alýar-da, ýiten kiçijik goýny gözlemäge gidýär. Оl beýik depä çykýar. Ýöne goýny görmeýär. Оl gowaklaryň hemmesine seredýär. Ýöne ony ol ýerden hem tapmaýar. Оl suwuň boýlaryny gözleýär. Goýun hiç ýerde ýok. Ahyrsoňy çopan öriniň uzak gyrasyndaky tikenli ýandak ösüp oturan ýere ýöreýär. Onuň göwnüne ol ýerden ýuwaşja mäleýän ses eşdilen ýaly bolýar: «Mä-ä-ä». Ol tikenli ýandaklaryň içinden geçip barýarka, ol ýerde goýny görýär! Gowy çopan ony eline alyp, bagryna basýar. Soň ol goýny egnine goýup, ony seresaplyk bilen öýüne alyp gelýär. Çopan öýüne gelenden soň, dostlarynyň hemmesini çagyrýar. Ol olara: — Geliň, meniň şatlygymy paýlaşyň! Meniň kiçijik goýnum ýitdi, men ony tapdym — diýýär. Mal ýatakdaky goýunlaryň hemmesi joralarynyň tapylanyna begenýärler. Çopanyň olaryň her biriniň aladasyny edýäni olary begendirdi. Çopan goýnuny tapanda, nähili duýgy duýdy? Kime «Gowy Çopan» diýýärler? Özüni «Gowy Çopan» diýip atlandyrýan Isa bu tymsaldaky çopanyň öz goýunlaryny söýşi ýaly, biziň her birimizi söýýär. Biziň haýsydyr birimiziň ýitmegimizi Isa islemeýär. Ol biziň hemmämiziň Onuň yzyna düşmegimizi isleýär. Gowy Çopan Isa her bir adama Hudaýyň maşgalasynda howpsuzlykda bolmaga kömek edip bilýär. Biz Isadan gowy görmegi we Oňa tabyn bolmagy öwrenenimizde, Onuň, öz Gowy Çopanymyzyň yzyna eýerýäris. Doga edeliň Rebbim, Gowy Çopanymyz Isa üçin Saňa minnetdar. Biz Seniň maşgalaňda özümizi doly howpsuzlykda duýup bilýäris. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Isa — seniň Çopanyň. Sen özüňi Onuň goýunlarynyň biri — Onuň maşgalasynyň agzasy — diýip atlandyryp bilýärsiňmi? Sen Onuň yzyna eýerýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «… şunuň ýaly, toba eden ýeke ______________ üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz ______________ adam üçin bolan şatlykdan uly bolar». Luka 15:7 3. Bu iki goýnuň arasynda sen nähili tapawutlary tapyp bilýärsiň? Suratdaky şol tapawutlary belle. «SAŇA MINNETDAR, ISA!» Luka 17:11–19 Erkek adam özüniň sagalany üçin Isa minnetdarlyk bildirdimi? Ýa-da ol öz dostlary bilen gaçyp gitdimi? Isa şäherden-şähere aýlanyp ýörşüne, Hudaýyň özlerine bolan söýgüsi hakda diňlemek isleýän ençeme adamlara duş gelýär. Isany görmek isleýän adamlaryň käbirleri syrkawlykdan ejir çekýärdiler. Olar Isanyň syrkawlary bejerýändigini bilýärdiler. Bir gün Isa heýwere keselinden ejir çekýän on sany adama duş gelýär. Kanun heýwere kesellileriň sagdyn adamlaryň golaýyna gelmegi gadagan edýärdi. Eger heýwere keselli adam başga bir adamyň golaýyna gelse, onda oňa öz keselini ýokuşdyrýardy. Şonuň üçin, kanuna laýyklykda, heýwere keselliler öz maşgalalaryndan uzakda ýaşaýardylar. Ýoldan gelýän Isany gören on sany erkek kişi Oňa golaýlaşmaga het edip bilmediler. Olar özleriniň uzakda durmalydyklaryna düşünýärdiler. Ýöne olar özlerini Isanyň sagaltmagyny isleýärdiler. Şol sebäpden hem, olar gaty gygyryp başladylar: — Isa, haýyş edýäris, bize kömek et! Isa Özünden bu adamlaryň näme isleýändiklerini bilýärdi. Şonuň üçin Ol olara: — Baryň, öýli-öýüňize gidiň. Siz indi kesel däl — diýdi. Şatlykdan ýaňa özlerini ýitiren heýwere keselli adamlar duran ýerlerinden okdurylyp gitdiler. Olar nähili şatlyk bilen maşgalalaryny görerler! Olar ýoldan ylgap baryşlaryna, bir-birlerine seredişýärdiler. Olar özlerindäki ýaralaryň aýrylanyny gördüler! Näçe sany heýwere keselli adam bardy? Isa olara nädip kömek etdi? Birden on adamyň biri saklandy. Dostlary ylgap gitseler-de, ol adam dikilen ýaly bolup ýolda durdy. Özünde Isanyň gudrat görkezendigi baradaky pikir ony duran ýerinda saklap durdy. Şeýlelikde, saklanan adam wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň ýanyna gaýdyp baryp, Oňa minnetdarlyk bildirip bilýär. Şeýle etmeklik dogry bolardy. Ýa-da ol beýleki şypa tapan adamlar bilen bile ylgap gidip bilerdi. Başgalar ylgap barýarka, durmak nämä gerek? Ol hem öýüne gaýdyp barmagy beýlekilerden az islemeýärdi ahyry. Ine, ol adam näme etdi? Ol özüniň öňe ätjek her bir ädimi ýalňyşlyk bolar diýip pikir etdi. Öňe gitmegi dowam etdirmegiň deregine, ol yza gidip, Isa minnetdarlyk bildirmeli. Şonuň üçin heýwereden sagalan adam yzyna gaýdyp, Isanyň duran ýerine ylgap bardy. Ol Isanyň öňünde dyza çöküp sagalany üçin Oňa minnetdarlyk bildirip başlady. Ol adam Hudaýyň şypa beriji güýjüni şöhratlandyryp başlady. Isa: — Eýsem, heýwere keselliler on dälmidi? Meniň şypa beren beýleki dokuz adamym nirede? Maňa minnetdarlyk bildirmek üçin seniň ýeke özüň geldiň — diýdi. Näme üçin adamlaryň biri saklandy? Ol adam dogry saýlaw etdimi ýa-da ýok? Bu adam galanlaryň öýlerine ylgap gidendiklerini bilýärdi, ýöne hiç hili jogap bermedi. Ol diňe gaýdyp gelip, Isa minnetdarlyk bildirenine begendi. Isa bu adama ýylgyryp seredip: — Tur ýeriňden, saňa öýüňe, maşgalaň arasyna gitmäge çen boldy. Sen Meniň seni bejerip biljegime ynandyň, şonuň üçin hem, sen sagaldyň — diýdi. Soň ol adam öýüne gitdi. Ol öýüne baranda, ýakynlary ony görendiklerine juda begendiler. Ol hem, ýene ýakynlary bilen boljagyna begendi. Isa bilen duşuşmaklyk oňa şatlyk getirdi! Hudaýa minnetdarlyk bildirme kararyna gelen adam bagtly bolýar. Doga edeliň Rebbim, biziň syrkaw günlerimizde-de, özümizi gowy duýýan günlerimizde-de ýanymyzda bolýandygyň üçin Saňa minnetdar. Bize edýän zatlaryň hemmesi üçin Saňa mydama minnetdar bolmaga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Adamlar saňa kömek edenlerinde sen olara näme diýýärsiň? Şonuň ýaly ýagdaýda nähili minnetdarlyk sözlerini aýdýarsyň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Olaryň biri ____________________ görende, gaty ses bilen Hudaýy ______________ yzyna öwrüldi. Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi». Luka 17:15–16 3. Bu suratda 0 dan 10 a çenli sanlar gizlenen. Olary tap. GUŞLARY GÖRMEK Markus 10:46–52 Bartimeý özüne Isanyň kömek etjekdigine ynandymy? Ýa-da ol Isa bilen gürleşmäge-de synanyşmadymy? Ваrtimeý öýünde oturmagy gowy görmeýärdi. Ol öýünden çykanda, ýüzüne ýeliň öwüsýänini duýýardy. Ol guşlaryň saýraýşyny eşidýärdi. Täze bişen çöregiň ysyny duýýardy. Ýöne Bartimeý hiç zat görmeýärdi, sebäbi ol dogabitdi kördi. Ol uzakly gün ýoluň gyrasynda oturyp, dilegçilik edýärdi. Öň ýanyndan geçen her bir adama elini uzadyp, ol teňňe dileýärdi. Bu Bartimeý üçin çörek puluny tapmagyň ýeke-täk usulydy. Geçýänleriň käbirleri az berýärdi, käbirleri-de köp berýärdi. Käbirleri-de asla hiç zat bermeýärdiler. Bir gezek Bartimeý ajaýyp täzeligi eşitdi. Ol Isa hakda eşitdi. Isanyň hemme adamlary, hatda dogabitdi körleri-de bejerýändigini aýtdylar. Ваrtimeý haýran galan bolsa gerek. Isa kimkä? Isa onuň gözüni açarmyka? Bir gün Bartimeý adatdakysy ýaly, ýoluň gyrasynda otyrdy. Bu gün hemme zat oňa adatdakysy däl ýaly bolup görünýärdi. Оl ýoluň gyrasynda üýşen adamlaryň seslerine diň saldy. Olar Isa hakda gürleşýärdiler. Bu gün Ol şu ýoldan geçmeli! Ine, garşy alyjy sesler eşidilip başlady. Isa göni Bartimeýiň oturan ýerine tarap ýöredi! Şeýlelikde, Bartimeý wajyp saýlaw etmelidi. Ol özüni Isa eşider diýen umyt bilen gaty gygyryp bilýärdi. Ol özüne Isanyň kömek etjegine, hatda bejerjegine-de ynanyp bilýär. Ýa-da Bartimeý öňküsi ýaly, ýoluň gyrasynda oturyp, dilegçilik edip hem bilýärdi. Şol gün köp adamly boldy, şonuň üçin ol köp teňňe ýygnap bilýärdi. Mundan başga-da, ol özüne Isanyň hakykatdan şypa berip biljegini bilmeýärdi. Bartimeý Isadan näme haýyş etmek isledi? Bärtimeý näme etdi? Ol gygyrdy: — Isa! Maňa rehim et! Ýöne galmagally mähelle kör adamy gurşap aldy, hiç kim ony öňe geçirmek islemedi. Gaýtam, ýanyndaky adamlar ondan sesini çykarmazlygyny soradylar. Emma Bartimeý dymmak islemedi-de, ýene bir gezek gygyrdy: — Isa, maňa rehim et! Isa saklandy-da, gygyran adamy Öz ýanyna getirmegi buýurdy. — Bar, Isa seni görmek isleýär — diýip, kimdir biri Bartimeýe aýtdy. Nähili bagt! Kör adam böküp turdy-da, mähelläniň içinden geçdi. Ol düşünip düşünmänkä Isanyň öňüne ýetdi. Isa Bartimeýden: — Sen näme isleýärsiň? — diýip sorady. — Gözümiň açylmagyny. Isa ýylgyrdy: — Meniň seni bejerip biljegime sen iman etdiň. Men seniň gözüňi açýaryn. Isa Bartimeýe kömek etdimi? Ваrtimeý gözlerini haýaljakdan açdy. Hawa, ol görýär! Bertimeýiň ilkinji gören zady Isanyň ýylgyrşy bolsa gerek! Soň ol guşlary, asmanda ýüzüp ýören bulutlary, ýoly gördi. Ol mähelledäki her bir adama seretdi. Ваrtimeý Isanyň yzy bilen gitdi. Ol Ony çagyranyna begendi. Indi ol nirä barýanyny görýär! Bartimeýiň Isanyň şypa beriji güýjüniň bardygyna ynananyna Isa hem begendi. Öz saglygymyzyň aladasyny etmekde Hudaýyň bize kömek etjegine bil baglap bileris. Doga edeliň Rebbim, biziň görüp, eşidip bilýänimiz üçin, bize beren zatlaryň hemmesi üçin Saňa minnetdar! Bize öz saglygymyzyň aladasyny etme kararyna gelmäge kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen özüň we dostuň üçin Isadan näme sorardyň? Seniň dostlaryň we tanyşlaryň arasynda gowy görüp bilmeýän ýa-da eşitmeýän adamlar barmy? Sen ol adam üçin näme edip bilýärsiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Mugallym, __________________ görsün» diýdi. Isa hem oňa: «Bar, ____________________ saňa şypa berdi» diýdi. Мarkus 10:51–52 3. Bu suratda näçe guşuň çekilendigini sana we olary reňkle. «MENIŇ ÝANYMDA OTUR!» Luka 10:38–42 Merýem Isany diňledimi? Ýa-da ol öz işi bilen boldumy? Kiçiräjik şäher bolan Beýtaniýada aýallaryň hemmesi haýsydyr bir iş bilen gümradylar: käbirleri guýudan suw getirýärdi, başga biri çörek bişirmek üçin bugdaý üweýärdi, başga birleri kir ýuwýardylar. Bir kiçiräjik öýde ýaşaýan iki uýa Merýem bilen Marta hem işlerini etdiler. Olar kir ýuwdular, bişirdiler, öýi tertibe saldylar, sebäbi özleriniň umumy dostlary Isanyň gelerine garaşýardylar! Ine diýmän öýüň içi ýalpyldap durdy, oduň üstünde nahar gaýnap durdy. Ine-de, Isa Marta bilen Merýemiň öýüne geldi. Olar ýakyn dostlardylar, şonuň üçin Isa olara gelmegi gowy görýärdi. Isa oturyp, Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň berip başlady. Маrta şol wagt edilmeli işler hakda pikir etdi. Belki, oňa nahary bişirip bolmak gerek bolandyr. Soň tarelkalary goýuşdyryp, käseleri doldurjak bolandyr. Isa ýoldan suwsap gelendir. Ýok, onuň ýeke özi ýetişmeýär, oňa Merýemiň kömegi gerek. Мerýem wajyp saýlaw etmelidi. Ol oturyp, Isanyň Hudaýyň söýgüsi hakdaky zatlaryny diňläp bilýärdi. Isa örän gowy mugallym, şol sebäpden hem, Merýem Ony diňlemegi gowy görýärdi. Ýa-da ol uýasy bilen bile öýüň işlerini edip hem bilýärdi. Isa hem ol boşaşýança garaşmaly bolýardy. Merýem bilen Marta näme işler bilen başagaýdy? Isa olaryň öýüne gelende, näme tdi? Merýemden nähili kömege garaşdy? Merýem näme etdi? Оl Isanyň her bir sözüni eşitmek üçin Oňa golaý oturdy. Munuň ýaly ünsli diňleýjini görende Isa ýylgyrdy. Ýöne Martanyň ýylgyrmaga-da wagty ýokdy. Ol Isa: — Meniň köp işim galdy. Merýeme aýt, ol maňa kömek etsin — diýdi. Isa oňa: — Маrta, Marta, gynanma. Merýem Hudaýyň söýgüsi hakda diňlemek isleýär. Bu iň wajyp zatdyr — diýip jogap berdi. Isada uýalaryň ikisine-de gürrüň bermek isleýän wakalary şeýle köpdi, ýöne Ol olaryň öýünde azajyk wagtlap bolup bilýärdi. Ol Martanyň hem, Öz ýanynda oturyp, Hudaýyň söýgüsi hakda diňlemegini isleýärdi. Hudaýyň söýgüsi hakda gürrüň edýänleri diňlesek, bu Hudaýa ýaraýar. Doga edeliň Rebbim, kimdir biri Sen we Seniň Ogluň Isa hakda gürrüň berende, ony ünsli diňlemäge bize kömek et. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen özüňi ünsli diňleýji hökmünde atlandyryp bilýärmiň? Eger ýok bolsa, onda sen nädip birazrajyk ünsliräk bolup bilýärsiň? Sen nähili pikir edýärsiň, adamlar Hudaýyň söýgüsi hakda nädip bilip bilýärler? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa oňa şeýle diýdi: «_________________, _______________! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň. Ýöne diňe bir zat gerek. _________________ özünden alynmajak oňat paýy saýlady». Luka. 10:41–42 3. Her öýjükdäki ýazylan sözleri çyz, galan harplardan bolsa, Isany öýünde kabul eden uýalaryň atlaryny düzüp bilersiň. AGAJYŇ ÜSTÜNDE Luka 19:1–10 Zakkaý ýalňyşanyny Isanyň öňünde boýun alyp, ýalňyş hereket edenine ökündimi? Ýa-da ol nädogry işleri etmegini dowam etdirdimi? Вir kiçijik şäherde Zakkaý atly bir baý adam ýaşaýardy. Baýlygyna garamazdan ol betbagt adamdy. Ol öz baýlygyny şäher ýaşaýjylaryndan kanun boýunça almaly salgydyndan artyk almak bilen ýygnady. Artan pullar onuň jübüsine girýärdi. Zakkaýyň artykmaç pul alýanyny adamlar halamaýardylar, şonuň üçin onuň dosty ýokdy. Ol ýalňyzdy. Bir gün Zakkaý Isanyň şähere gelenini bildi. Belki, ol ilki bu täzelige üns beren däldir. Onuň saglygy gowudy, gözi gowy görýärdi, şol sebäpden hem, ol Isanyň kömegine mätäç däldi. Ýöne soň Zakkaý Isanyň her bir adamyň dosty bolmak isleýändigi hakda pikir etdi. Belki, näme-de bolsa, Isany göreniňe degýändir. Zakkaý Isanyň geçjek ýoluna çykdy. Ýöne şäheriň ýaşaýjylary-da Isany garşy almak üçin çykdylar! Adam şeýle bir köpdi welin, Zakkaýa hiç zat görünmedi, sebäbi onuň boýy gysgady. Ol hatda özüni öňe geçirmeklerini-de haýyş edip bilmedi, sebäbi ony hiç kim halamaýardy. Şol wagt Zakkaýyň kellesine gaty gowy bir pikir geldi. Eger ol Isanyň geçjek ýolunuň ugrunda ösüp duran agajyň üstüne çyksa näme? Zakkaý şeýle hem etdi. Ol gür ýaprakly agajyň üstüne münüp ornaşdy. Indi ol hemmeleri görýär, ýöne ony hiç kim görmeýär. Zakkaý nähili ýol bilen baýady? Ol näme üçin agajyň üstüne çykdy? Isa Zakkaýa näme diýdi? Isa ýuwaş-ýuwaşdan golaýlaşdy. Zakkaý Onuň ýüzüniň örän mähirlidigini gördi. Ýöne Isa aldawçynyň dosty bolmak islärmikä? Isa ýöräp, ýöräp, birden… Ol birden edil Zakkaýyň oturan agajynyň aşagynda saklandy! Ol ýokary seredende, ýapraklaryň içinde oturan Zakkaýy görüp: — Aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňe barjak — diýdi. Muňa ynanmak Zakkaýa kyn boldy. Onuň öýüne diňe dosty baryp bilýärdi. Diýmek, Isa onuň dosty bolmak isleýär. Ýöne Zakkaýyň nädogry ýol bilen ýygnan baýlygyny näme etmeli? Şeýlelikde, Zakkaý wajyp saýlaw etmelidi. Ol agaçdan düşüp, Isany öýüne getirip bilýär. Şeýdip, Isa ikisi dost bolup bilýärdi. Ýa-da Zakkaý Isanyň giderine garaşar. Ondan soň hem, ýalňyzlygyna galyp, özüniň owadan baý öýüne gaýdyp gider. Zakkaý näme etdi? Ol edil belka ýaly çalasyn bolup, agaçdan düşdi-de, Isany öýüne alyp bardy. Ol ýerde olar gürleşdiler. Isanyň ýanynda oturanynda Zakkaý aldaw bilen baýlyk ýygnanyna utandy-da: — Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Has köp salgyt alanlaryma bolsa, men olardan alanymdan dört esse köp edip gaýdyp berjek — diýdi. Isa öýüne myhmançylyga baranyndan soň Zakkaý nähili üýtgedi? Isa bilen dostlaşmak Zakkaý üçin onuň gaýtaryp berjek pullarynyň hemmesinden gymmatdy. Zakkaýyň nädogry hereketleri edenine ökünenine Isa begendi. Zakkaýyň ahyrsoňy öz ýalňyşyny düzetmek islänine Isa begendi. Isa Zakkaýa: — Men seniň ýaly adamlary tapmaga we olara kömek etmäge geldim. Indi sen Hudaýyň halas bolan çagasysyň — diýdi. Öz ýalňyşlarymyzy düzedip, olary gaýdyp hiç haçan gaýtalamazlyga kömek etmegini Isadan soramaga bizde mydama mümkinçilik bar! Doga edeliň Rebbim, Isanyň biziň her birimiziň dosty bolmak isleýänine düşünmek nähili begendiriji waka! Men ______________ ökünýärin we indi dogry hereket etmek isleýärin. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Isa seniň dostuň bolmak isleýär. Eger sen haýyş etseň, onda haýsy ýalňyşlaryňy gaýtalamazlyga Isa kömek edip bilerdi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Zakkaý bolsa ýerinden turup, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men _______________________ ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň zadyny ____________________ alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi. Luka 19:8 3. Gözeneklere iň uzyn sözden başlap, iň gysgasyna çenli söz ýazsaň, bu wakanyň gahrymanynyň adyny okarsyň. ISA ÜÇIN SOWGAT Luka 7:36–50 Bir aýal Isa özündäki iň gowy zady sowgat berdimi? Ýa-da ol ony özüne galdyrdymy? Isa adatça dostlary bilen bile naharlanýardy. Olar gürleşýärdiler, gülüşýärdiler we bile dynç alýardylar. Bir gün Simun atly bir baý adam Isany öýüne nahara çagyrdy. Simun öýüne köp adam hem çagyrdy. Ýöne bir aýal çagyrylmandy öýdýärin. Ol utanç işleri edýärdi. Onuň nähili ýaşaýanyny hemmeler bilýärdiler, şonuň üçin adamlar ony halamaýardylar. Ýöne aýal Isanyň Hudaýyň söýgüsi hakda aýdanlaryny eşitdi. Ol özüni Isanyň gowy görýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Oňa gaty gowy zady — bir çüýşejik mür ýagy sowgat berdi. Ol Isanyň köp ýöreýänini, ýörän wagtynda çepeginiň aýagyna, elbetde, degýänini bilýärdi. Aýalyň sowgat bermek islän ýagy Isanyň aýagynyň ýadawlygyny aýyrýardy. Näme üçin aýal mür ýagy Isanyň aýagyna çalmak isledi? Şeýlelikde, aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol ýagyny Isanyň aýagyna guýup bilýärdi. Bu Isanyň onuň üçin edýän aladasy, Hudaýyň bagyşlamasy baradaky şatlykly habary üçin minnetdar bolmanyň alamaty bolup bilýärdi. Ýa-da ol mür ýagly çüýşejigi özüne galdyryp bilýärdi. Belki, Isa onuň Özüne elini degirmegini islemez. Belki, Isa ony asla gowy görýän däldir. Aýal näme etdi? Ol ilki ýagy Isanyň aýagyna guýdy-da, ony özüniň uzyn saçy bilen süpürip başlady. Ýagyň atyr ysy otaga ýaýranda, myhmanlaryň köpüsi töweregine seredenlerinde, ol aýaly gördüler. Öýüň eýesi hem, çagyrylmadyk myhmany gördi. Bu aýalyň durmuşyndaky zatlaryň hemmesini ol adam bilýärdi, şonuň üçin ol aýalyň günäleri hakda Isa gürrüň berip başlady. Muňa jogap edip, Isa Simuna: — Men seniň öýüňe gelenimde, Meniň üçin hiç zat etmediň. Sen Meniň aýagymy ýuwmadyň, hatda Meni garşy hem almadyň. Bu aýal bolsa, özüniň Maňa bolan uly söýgüsini gizlemedi — diýdi. Soň Isa günäkär aýala seretdi. Aýal hem Onuň gözlerine seretdi. Isanyň gözlerinde oňa bolan çäksiz söýgi bardy. Dogry, Isa Öz öňünde günäkär aýalyň duranyny, onuň köp ýalňyşlary goýberenini-de bilýärdi. Mundan başga-da, Isa bu aýalyň başga adam bolmak, öz durmuşyny üýtgetmek isleýänini hem bilýärdi. Ol Hudaýyň söýgüsi hem bagyşlamasy hakda diňlemek isleýärdi. Aýal aglady. Ýöne bu gaýgy gözýaşlary däldi-de, şatlyk gözýaşlarydy. Ol özüne Isanyň düşünendigine begendi. Özüni Isanyň şeýle güýçli gowy görýänine şat boldy. Aýal özünde bar bolan iň gowy zady Isa sowgat bereninden soň Isa näme diýdi? Isa oňa: — Seniň günäleriň bagyşlandy. Sen Maňa iman etdiň, şonuň üçin indi sen Hudaýyň halas edilen çagasy bolýarsyň. Bar, parahatlyk bilen git — diýen sözler bilen ýüzlendi. Aýal özünde bar bolan iň gowy zady Isa sowgat berenine nähili begendi! Isa-da, ony bagyşlap bilenine begendi. Adamlara nämedir bir zady sowgat bermeklik — özümiziň Isany söýýändigimiziň iň gowy usulydyr. Doga edeliň Isa, biz seni gowy görýäris. Dogry hereket etmek bilen Saňa bolan söýgimizi görkezmäge bize kömek et. Seniň adyň bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Şu wagta çenli beren sowgatlaryň haýsy seniň üçin adaty däl diýip hasap edýärsiň? Näme üçin? Sen Isa nähili sowgat bererdiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…onuň köp bolan ____________ geçildi. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az __________». Luka 7:47 3. Bu suratda näçe küýzejigiň bardygyny sana we olary bir reňkde bolmaz ýaly edip reňkle. IÝERUSALIME Matta 21:1–11, 14–16; Luka 19:29–40 Isanyň şägirtleri Onuň üçin kürre getirdilermi? Ýa-da olar Mugallymyň Iýerusalime gitmäni gowy diýip pikir etdilermi? Isa Iýerusalimiň golaýyndaky depäniň üstünde durdy. Üç ýylyň içinde Ol ýurduň hemme ýerini diýen ýaly aýlandy. Onuň baran ýerleriniň hemmesinde giden mähelleler ýygnanýardy. Adamlar özlerini Hudaýyň söýýändigini eşitmek isleýärdiler. Keselden ejir çekýänler özlerini Isanyň bejermegini isleýärdiler. Erbet işleri edenler Ondan bagyşlama almak isleýärdiler. Isanyň sözleri hem işleri köplere ýaraýardy. Käbir adamlar hatda Ony patyşa etmek hem isleýärdiler. Ýöne Iýerusalimdäki kanunçylaryň köpüsi Isany gowy görmeýärdiler. Olar eger Isa patyşalyk etse, onda wezipelerinden mahrum bolarys diýip gorkýardylar. Şonuň üçin olar Ony dürli soraglar bilen aljyratjak bolýardylar. Ýöne Isa nädip dogry jogap bermelidigini mydama bilýärdi. Olar Isany kanuny bozmakda aýyplamaga çalyşýardylar, ýöne Isa mydama dogry hereket edýärdi. Ahyrsoňy olar Iýerusalime baryp, Oňa Iýerusalimde garaşmak we nämedir bir zat oýlap tapma kararyna geldiler. Olar islendik ýol bilen Isadan dynmak isleýärdiler. Isa haýsy şähere golaý geldi? Ol iki şägirdinden näme haýyş etdi? Isa tizara Öz durmuşynda pajygaly wakalaryň boljakdygyny bilýärdi. Şeýle-de bolsa, Ol Özüniň Iýerusalime gitmeli wagtynyň bolandygynam bilýärdi. Şonuň üçin Isa şäheriň golaýynda saklandy-da, Özüniň iki şägirdine: — Men siziň Iýerusalimiň golaýyndaky kiçiräjik oba baryp, ol ýerden bir eşegi tapmagyňyzy isleýärin. Onuň ýanynda entek hiç kim münmedik kürresi bardyr. Ony Meniň ýanyma alyp geliň. Eger kimdir biri kürräniň size nämä gerekdigini sorasa, onuň öz Mugallymyňyza gerekdigini aýdyň — diýdi. Şeýlelikde, şägirtler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar oba baryp, ol ýerde kürräni tapyp, Isanyň isleýşi ýaly, ony Onuň ýanyna getirip bilýärdiler. Ýa-da olar kürräni tapmadyksyran bolup bilerdiler. Olar Isany saklap, Onuň Iýerusalime girmegine ýol bermezlige çalşyp biýärdiler. Şäheriň içi howpsuz däldi ahyry. Şägirtler näme etdiler? Olar oba bardylar-da, ýanynda kiçijik kürresi bolan bir eşegi gözläp tapdylar. Olaryň eýesine bolsa: — Оl Rebbe gerek — diýdiler. Soň şägirtler kürräni Isanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň üstünde oturmak Mugallyma oňaýly bolar ýaly, şägirtler kürräniň arkasyna geýimlerini goýdular. Isa kürrä münüp, beýik depeden aşak düşüp, Iýerusalimiň derwezesiniň ýanyna geldi. Adamlar Ony şatlykly sesler bilen garşy aldylar: — Hosanna! Isa — biziň Patyşamyz! Оlar ýola eşiklerini ýazdylar we palma şahalaryny buladylar. Halk Isany nähili garşy aldy? Näme üçin Isanyň ýüzi gaýgylandy? Isa halkyň begenýänini görenine şat boldy. Ol şägirtleriniň kürräni alyp gelenine hoşal boldy. Isa şähere girende, syrkawlary bejerip başlady. Mähelläniň sesiniň arasynda Ol çagajyklaryň hem şatlykly seslerini eşidip bildi. Ýöne birden Isanyň ýüzi gaýgylanyp başlady. Ol Özüni gowy görmeýän kanunçylary gördi. Olar bilen Özüniň tizara ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny Isa bilýärdi. Ýöne bu gowlugady, sebäbi Isa hut şonuň üçin hem bu dünýä gelipdi. Biz bir zady etmegimizi Hudaýyň näme üçin isleýändigine düşünmeýän bolsak-da, Onuň buýrugyny ýerine ýetirmelidiris. Doga edeliň Rebbim, hemme zada düşünmeýän bolsak-da, biz dogry hereket etmek isleýäris. Isanyň ady bilen Senden bize kömek etmegiňi haýyş edýäris. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen haçan hem bolsa bir wagt manysyna düşünmeýän zadyňy etmeli bolup görüpdiňmi? Sen nähili pikir edýärsiň, şonuň ýaly ýagdaýda dogry edýäniňi ýa däldigiňi nädip bilip bolýar? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Öňüňizdäki _____________________ baryň, salym geçmänkä, daňylgy duran ýany _________________ bir ________________ taparsyňyz…» Мatta 21:2 3. «Halas et-dä!» diýip terjime edilýän ýüzlenme bilen adamlar Iýerusalime girip barýan Isany garşy aldylar. Ol haýsy söz? DİŇE İKİ TEŇŇEJİK Luka 21:1–4 Garyp aýal öz puluny Hudaýyň işi üçin berdimi? Ýa-da ol ony özi üçin goýdumy? Isa ybadathananyň içinde duranda, ol ýere gelýän adamlary synlady. Olaryň arasynda garrylar hem ýaşlar bardy. Kaşaň geýimli, barmaklary gymmat ýüzükli baýlar hem bardy. Köne eşikli we hiç hili şaý-sepi bolmadyk garyplaram bardy. Ýöne ybadathana gelenleriň hemmesi Hudaýy şöhratlandyrdylar. Ol ýere gelen adamlar Hudaýyň işi üçin zekat bermek hem isleýärdiler. Ybadathanada pul atylýan küýze bardy. Şol gün Isa ol ýeriň golaýynda durdy. Onuň ýanynda şägirtleri hem bardy. Olar zekat atylýan küýzäniň ýanyna owadan geýimli baý adamlaryň birnäçesiniň gelenini gördüler. Olar gapjyklaryny açyp, birnäçe teňňe alyp, küýzäň içine atdylar. Ýöne olaryň gapjyklarynda başga-da köp pul galypdy. Baý adamlar teňňeleri bilen hoşlaşmazlaryndan öňürti özlerine kimdir biriniň üns bererine sereden bolsalar gerek. Diňe şondan soň olar küýzä pul oklandyrlar: bir, iki, üç, dört, bäş, alty, ýedi, sekiz, dokuz, on! Munuň ýaly eliaçyklygy görenler ýylgyran bolsalar gerek. Baýlaram ýylgyrandyr. Olaryň gapjyklarynda ýene köp puly bar. Şol sebäpden hem, munuň ýaly zekat berme olar üçin kyn däl. Ybadathanada küýze näme üçin goýlandy? Oňa pul oklanlarynda baýlar näme üçin ýylgyrýardylar? Soň Isa bilen şägirtleri ybadathana köneje geýimli bir garyp aýalyň girenini görýärler. Ol gapjygyna seredip, ondaky iki teňňäni sanaýar: bir, iki. Bary-ýogy iki lepta[1], bu ondaky bar puldy. Şeýlelikde, garyp aýal wajyp saýlaw etmelidi. Ol iki teňňesini Hudaýyň işi üçin zekat berip, küýzä oklap bilýärdi. Ýa-da ol olary gapjygynda goýup, soňrak özi üçin ulanyp bilýärdi. Ine ol aýal näme etdi? Ol küýzäniň ýanyna bardy-da, baýlar ýaly döş-töweregine seretmedi. Ol özüne kimdir biriniň serederine garaşyp durman, iki teňňesini derrew küýzäň içine atdy. Ýöne barybir bir Adam oňa seretdi. Ol Isady! Ol bu garyp aýalyň Hudaýyň işi üçin nämäni sadaka bereni hakda gürrüň berdi. Isa ol aýalyň beren iň ujypsyz zekatynyň baý adamlaryň beren sahy zekatlaryndan has gymmatdygyny aýtdy. Garyp aýal iki leptasyny zekat bereninden soň onda näme galdy? Näme üçin onuň zekaty baýlaryň zekatyndan has uly? Isanyň näme sebäpden beýle diýenine şägirtler haýran galdylar. Isa olara baý adamlaryň öz pullarynyň ujypsyzja bölegini sadaka berendiklerini, bu garyp aýalyň bolsa, Hudaýy şeýle güýçli söýýäni üçin özünde bar zadyň hemmesini berendigini aýtdy. Aýalyň zekaty has uludyr. Garyp aýalyň Hudaýyň işi üçin zekat bereni Hudaýa ýarady. Hudaý, elbetde, onuň aladasyny eder. Aýal hem hoşal boldy, sebäbi onuň puly Hudaýyň işi üçin gidýär. Aýal, elbetde, özüniň dogry hereket edenini bilýärdi, bu ony bagtly edýärdi. Öz işi üçin berip bilen zadymyzy bermegimiz Hudaý üçin ýakymlydyr. Doga edeliň Rebbim, bize sahy zekat bermäge kömek et, sebäbi biz Senden şeýle köp alýarys! Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Еger sende öz puluň bolan bolsa, sen ony nämä sarp ederdiň? Sen ony Hudaýyň işi üçin zekat berip bilerdiňmi? Puldan başga sen Hudaýa näme teklip edip bilýärsiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «…bu garyp ______________ hemmeden kän atdy. Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden _____________ atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin ______________ atdy». Luka 21:3–4 3. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ulanylýan (ýa-da ulanylan) pul birliklerini we teňňelerini dogry getir. КIM HYZMATKÄR? Luka 22:7–13; Ýohanna 13:1–17 Isa adamlara gulluk etdimi? Ýa-da Ol olaryň Özüne hyzmat etmegini soradymy? Isa bütin hepde ybadathanada ýa-da Iýerusalimiň köçelerinde ders berdi. Adamlaryň mähellesi Ony diňlemek üçin uly akym bolup gelýärdiler. Käbirleri hatda Isanyň olaryň patyşasy bolmagyny hem isleýärdiler. Ýöne häkimlik başynda duranlaryň köpüsi Isany gowy görmeýärdiler. Olar Isadan dynmagyň usulyny gözleýärdiler. Bir gezek Isa Öz kömekçileri Petrus bilen Ýohannadan jaýyň ýokarky gatynda Özi üçin otag taýýarlamagyny haýyş etdi. Onda Isa Öz şägirtleri üçin özboluşly agşamlyk naharyny gurnamak we olar bilen bile naharlanmak isledi. Bu agşamlyk nahary olara Musany we Hudaýyň halkynyň Müsürden çykyşyny ýatlatdy. Bu nahar wagtynda hemmeler nahar iýerler, biri-biri bilen gürrüň ederler we Musa hakdaky wakalary gürrüň bererler. Agşam şägirtleriň hemmesi otaga ýygnandylar. Olar örän ýadan we ajygan bolsalar gerek, şonuň üçin olar derrew iýip başladylar. Olar iýip otyrkalar, Isa aýak ýuwulýan legene we arassa süpürgije seretdi. Mukaddes Kitap döwründe hemmeleriň çaryk geýendigini bellemek gerek. Şonuň üçin tozanly hem hapa ýollardan ýöränlerinde olaryň aýaklary hem hapa bolýardy. Aýak ýuwmaklyk mugallymlaryň hem hökümdarlaryň işi däl-de, hyzmatkärleriň işidi. Isa muny bilýärdi. Näme üçin şägirtler agşam nahary wagtynda özboluşly nahar iýdiler? Isa ägirtlerine gulluk etmek üçin näme etdi? Şeýlelikde, Ol wajyp saýlaw etmelidi. Isa başga adamlara nädip gulluk etmelidigini görkezmek üçin şägirtleriniň aýaklaryny Özi ýuwup bilýärdi. Şägirtler Isanyň olara hyzmat etmek üçin gelendigine, olaryň hem biri-birine şeýle gulluk etmeklerini isleýändigine düşünmelidiler. Ýa-da Isa hyzmatkärlere, olaryň adatça edýän işlerini edip, otagdakylaryň hemmesiniň aýaklaryny ýuwup çykmagyny buýrup bilýär. Mundan başga-da, Isa şägirtlerine adamlara gulluk etme we olaryň nädip gowy gullukçylar bolup biljekdikleri hakda gürrüň berip bilerdi. Isa näme etdi? Ol egnindäki donuny hem köwşüni çykardy-da, soň Ol legeni suwdan dolduryp, biline süpürgiji guşady. Ol şägirtleriniň biriniň öňünde dyza çökdi-de, onuň aýagyny ýuwdy. Isa biri-biriniň yzyndan şägirtleriniň aýaklaryny ýuwdy. Ahyrsoňy Ol Petrusyň ýanyna baranda, Petrus Mugallyma: — Ýok! Sen beýle hapa işi etmeli dälsiň — diýdi. Bu işiň Isa üçin nähili ähmiýetiniň bardygy hakda Petrus pikir etmändi. Galyberse-de, ol bary-ýogy öz Mugallymynyň şägirdidi. Ýöne Isa Petrusa: — Еger Meniň kömekçim bolmak isleýän bolsaň, onda Meniň ilki saňa kömek etmegime rugsat etmelisiň. Şondan soň Petrus garşy çykmagyny bes etdi. Näme üçin Petrus öz aýagyny Isanyň ýuwmagyny islemedi? Isa şägirtlerine hyzmat tmek bilen olara näme öwretdi? Isa şägirtleriniň hemmesiniň aýaklaryny ýuwdy. Soň Ol ýene donuny geýip, olaryň ýanlarynda oturdy. Ol: — Siz şu wagtjyk başga adamlara gulluk etmegiň nämäni aňladýanyny gördüňiz. Men siziň hyzmatkäriňiziň rolunda çykyş etdim. Men size borç duýgusy sebäpli däl-de, sizi gowy görýänim we size gulluk etmek isleýänim üçin hyzmat etdim. Meniň edişim ýaly edip, sizem biri-biriňize we adamlara gulluk ediň — diýdi. Adamlara nähili gulluk etmelidigini Isanyň Öz şägirtlerine görkezenine Hudaý hoşal boldy. Hudaý Onuň şägirtleriniň ýakynyna gulluk etmekde özleriniň bagtyny tapjakdyklaryny-da bilýärdi. Başga adamlara gulluk etmeklik her bir adamy bagtly edýär! Doga edeliň Rebbim, biz Seniň bize edýän her bir kömegiňe şat. Biziň adamlara has-da gowy hyzmat edip biljekdigimizi bize görkez. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen öýde, mekdepde, ýygnakda nähili borçlary ýerine ýetirýärsiň? Sen kimdir birine hapa işi etmäge kömek edýärsiňmi? Başga adamlara hyzmat edeniňde sen kim bilen deňeşip bilýärsiň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Men Reb we Mugallym bolup, _____________________ aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy _______________________». Ýohanna 13:14 3. Bu ýerde gürrüňi edilýän özboluşly nahary «Rebbiň agşamy» diýip atlandyrýarlar. Ol Pesah baýramynyň öň ýanynda boldy. Suratda şol baýramyň adyny düzýän haprlary tap. «OÝANYŇ!» Markus 14:26, 32–46 Isanyň şägirtleri Getsemani bagynda Oňa wepaly dostlar boldularmy? Ýa-da olar Isa üçin doga etmegiň deregine ukladylarmy? Agşamlyk naharyndan soň Isa we Onuň şägirtleri bile aýdym aýtdylar. Soň olar ýokarky gatdaky otagdan çykyp, Getsemani bagyna gitdiler. Bu asuda ýerde Isa doga etmek isledi. Ol Özüne agyr synaglaryň garaşýanyny bilýärdi. Ol bu hakda Hudaý bilen gürleşmek we Özüni iň gowy dostlarynyň goldamaklaryny isledi. Getsemani bagyna barýarkalar ýolda Isa Özüne nämäniň garaşýandygyny şägirtlerine birnäçe gezek aýtdy. Eýsem, olaryň Mugallymyna kimdir biri erbetlik edip bilermi? Olar beýle bolmagyna asla ýol bermezler! Isa şägirtlerini bagyň gyrasynda goýup, ýanyna diňe Petrusy, Ýohannany we Ýakuby — Özüniň iň wepaly dostlaryny aldy. Isa olara: — Meniň ýüregim gaýgydan doly. Bu ýerde galyň-da, Men bagyň aňyrragynda doga edýänçäm oýa boluň, uklamaň — diýdi. Şägirtler özleriniň uklaman oturmaklarynyň nähili wajypdygyny bilmelidiler. Isa bagda doga edip durka, olaryň doga etmekleri nähili wajypdy. Şeýlelikde, şägirtler wajyp saýlaw etmelidiler. Olar Isanyň haýyşyny ýerine ýetirip, uka garşy göreşip bilýärler. Olar tizara nähili pajygaly wakalaryň boljagyny bilmeseler-de, doga edip bilýärdiler. Ýa-da Isanyň şägirtleri uklama islegine boýun bolup bilýärdiler. Üstesine-de olar ýaňyrak agşamlyk edinipdiler, gije-de bir çene barypdy. Aslynda bagda olaryň Mugallymyna näme bolup biler? Isanyň şägirtleri agşamlyk naharyndan soň nirä gitdiler? Tizara uky Isanyň şägirtleriniň hemmesini, hatda Onuň iň ýakyn dostlaryny hem ýeňdi. Olar uklap ýatyrkalar Isa Hudaý, Özüniň Gökdäki Atasy bilen gürleşdi. Ol Oňa ýalbaryp: — Еger mümkin bolsa, Meni Özüme öňümde garaşýan ejirlerden halas et. Men olardan gaça durmak isleýärin, ýöne Seniň Maňa buýran zatlaryň hemmesini etjek — diýdi. Isa şägirtleriniň ýanyna iki gezek geldi, iki gezekde-de olar uklap ýatyrdylar. — Siz uklap ýatyrsyňyzmy? — diýip, Isa olardan sorady. — Siz oýa bolup, doga edip bileňzokmy? Isa öňküsi ýaly uklap ýatan şägirtleriniň ýanlaryna üçünji gezek baranda, olara: — Oýanyň! Turuň! Serediň, ine, Maňa dönüklik edýän gelýär. Isa bilen bagyň içine kim gitdi? Isa üç şägirdinden näme haýyş etdi? Şägirtler oýananlarynda, bagda özleriniň Mugallymyny gözläp ýören mähelläniň peýda bolanyny gördüler. Bu mähelle olara golaýlaşdy. Fakelli, gylyçly hem naýzaly gelen adamlaryň içinde Ýudas, Isanyň on iki şägirdiniň biri hem bardy. Mähelle Petrusyň, Ýakubyň we Ýohannanyň deňinden geçende, olaryň gözlerindäki uky zym-zyýat boldy. Ýaragly adamlar Isany tutup, Ony özleri bilen alyp gitdi. Bu uzak ukusyz gijäniň diňe başlangyjydy! Şägirtleriň oýa bolmandyklaryna we doga etmändiklerine Hudaý gynandy. Hudaý olaryň Öz Oglunyň haýyşyny ýerine ýetirmeklerini isleýärdi. Şeýle-de bolsa, mähelle Isany alyp gidenlerinde, Hudaý Isanyň kömekçileri bilen boldy. Elbetde, Hudaý uzakly gije Isa bilen hem boldy. Özümizden Isanyň garaşýanyny ýerine ýetirmäge synanyşyp, biz ýadamaly däldiris. Doga edeliň Rebbim, Seniň bize tabşyran işiňi hiç haçan taşlamazlyga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Eger saňa kömek gerek bolsa, onda sen kime bil baglap bilersiň? Başga adamlar saňa bil baglap bilýärlermi? Sen Isanyň senden garaşýan, haýyş eden zadyny edip bilýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «___________________ düşmez ýaly, oýa boluň, doga ediň. Ruh ________________, ýöne beden ______________________». Мarkus 14:38 3. Haýsy kwadrat 210 njy sahypadaky suratyň bölegi däl? ODUŇ BAŞYNDA Luka 22:54–62; Ýohanna 13:37–38; 18:10–11, 15–18, 25–27 Petrusyň özüniň Isanyň dostudygyny aýtmaga batyrlygy ýetdimi? Ýa-da ol Isany tanamadyksyran boldumy? Isanyň şägirtleriniň biri bolan Petrus öz Mugallymyny gaty gowy görýärdi we mydama Ony ünsli diňleýärdi. Isa Özüni Petrusyň gowy görýändigini bilýärdi. Ol, şeýle hem, Petrusyň batyr adam däldigini hem bilýärdi. Şägirtleri bilen edinen şol özboluşly agşamlyk naharyndan soň Isa Petrusa: — Horaz üç gezek gygyrýança, sen Meni tanamaýandygyňy aýdarsyň — diýip duýdurdy. Mugallymynyň sözlerine haýran galan Petrus: — Ýok! Men hiç haçan beýle etmerin — diýip gygyrdy. Petrus özüni batyr adam hasaplaýardy, ol özüniň iň gowy Dostuny hiç haçan ret etmejekdigine ynanýardy. Getsemani bagynda fakelli, gylyçly we naýzaly adamlar peýda bolanda, Petrus özüniň batyrlygyny görkezjek bolup, olaryň birini öldürjek bolup, gylyja ýapyşdy. Ýöne Isa ondan beýle zada garaşmaýardy. Şägirtler bagdan gidenlerinden soň, Petrus Isany tapma kararyna geldi. Şonuň üçin ol öz Mugallymynyň äkidilen öýüniň howlusyna bardy. Gije sowukdy, howluda ot ýanyp durdy. Oduň başynda adamlar ýygnanyşyp, ýuwaşjadan gürleşýärdiler. Petrus olaryň ýanlaryna bardy. Isanyň sözlerine görä, horaz gygyrmazyndan öň Petrus näme etmelidi? Birden hyzmatkär aýallaryň biri ondan: — Sen Isanyň şägirdi dälmi? — diýip sorady. Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol hyzmatkär aýala we oduň daşyna ýygnananlara özüniň dogrudanam Isanyň şägirdidigini aýdyp bilýärdi. Ýöne beýle etse, onda kynçylyklar ýüze çykýar. Kimdir biriniň ony öldürjek bolmagy-da ahmaldy. Ýa-da Petrus özüniň Isany tanamaýandygyny aýdyp bilýär. Şeýle etse ol howpsuzlykda bolýar. Mundan başga-da, Isa onuň ýalan sözländigini bilmese gerek. Ine, ondan soň näme boldy. Petrus gorkdy, şonuň üçin ýalan sözledi. Ol hyzmatkär aýala: — Ýok, men Onuň şägirdi däl — diýip jogap berdi. Petrus oduň başynda ýylynmasyny dowam etdirdi. Soň başga biri ondan: — Senem Isanyň şägirdi dälmi? –diýip sorady. Petrus ýene: — Ýok, men Onuň şägirdi däl — diýip jogap berdi. Mundan soň ýene bir adam: — Men ony Isanyň ýanynda görenimi anyk bilýärin — diýdi. Petrus üçünji gezek hem: — Ýok! Men Ony asla tanamok — diýdi. Edil şol pursatda horaz gygyrdy. Petrus Isany näçe gezek inkär etdi? Petrus Isany inkär edenden soň nähili duýgy uýdy? Isa nähili duýgy duýdy? Şobada Isanyň aýdan sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Hemme zat Mugallymyň aýdyşy ýaly boldy. Petrus Ony üç gezek inkär etdi. Soňrak Isa Petrusa seredende, Petrus Onuň garaýşyna döz gelip bilmedi. Petrus hiç haçan özüni beýle erbet duýmaz. Ol egnindäki örtügi bilen ýüzüni ýapyp, gözýaşa boglup, Mugallymynyň ýanyndan ylgap gitdi. Isa-da erbet boldy, ýöne Isa Özüniň günleriň birinde Petrus bilen gürleşjekdigini bilýärdi. Şonda Petrus özüni Isanyň öňküsi ýaly gowy görýändigini biler. Petrus hakyky batyr adam bolmagy öwrener. Biz özümiziň Isanyň dostudygymyzy adamlara aýtmakdan gorkmaly däldiris. Doga edeliň Rebbim, biziň kemçiliklerimize garamazdan bizi gowy görýändigiň üçin Saňa minnetdardyrys. Özümiziň Seniň dostlaryňdygymyzy aýtmakdan gorkman, batyr bolmagymyza kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Eger özüň Isanyň dostudygyňy aýdanyňda, kimdir biri üstüňden gülse, sen näme ederdiň? Sen muňa garşy çykmazlyga batyrlyk bermegini Isadan sorarmyň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa oňa (Petrusa) şeýle jogap berdi: «…Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, _______________________ gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek ______________ edersiň». Ýohanna 13:38 3. Iki suraty deňeşdir-de, 5 sany tapawudy tap. «ОL HUDAÝYŇ OGLY!» Matta 27:22–66; Luka 23:44–49; Ýohanna 19:1–30 Rim ýüzbaşysy Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynandymy? Ýa-da ol Isany adaty adam hasapladymy? Rim hökümdary Isanyň hiç hili jenaýat etmändigini bilýärdi. Ýöne ol mähelläniň: «Ony haça çüýle!» — diýýän sesini eşitdi. Isanyň Hudaýyň Ogludygyna adamlar ynanmaýardylar. Şonuň üçin olar Ony haça çüýlemek, öldürmek isleýärdiler. Rim hökümdary, eger Isany boşatsa, onda tolgunyşyklaryň boljakdygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol Isany rim esgerleriniň eline berdi. Olar Isa örän gazaply daradylar. Olar Onuň üstünden güldüler, Ony ýençdiler. Soň olar Isanyň başyna tikenden täç geýdirdiler we şäheriň etegindäki depä çykmaga mejbur etdiler. Olar şol ýerde hem Ony özleriniň iki agaçdan ýasan haçyna çüýlediler. Isa esgerlere bu zatlaryň hemmesini etmäge ýol berdi. Ol Özüni haça çüýlejekdiklerini bilýärdi, sebäbi Hudaýyň maksady şeýledi. Hudaýyň Ogly adamlaryň eden günäleriniň hemmesi üçin jeza çekmelidi. Rim esgerleri Isanyň üstünden gülmegi dowam etdirdiler. Olar Ony «Ýahudanyň Patyşasy» diýip atlandyrdylar we Onuň üstki eşigi üçin bije atdylar. Isanyň çüýlenen haçynyň ýanynda Onuň ejesi Merýem we başga-da birnäçe aýallar durdy. Ýohanna, ýagny Isanyň şägirtleriniň biri hem olaryň ýanlaryndady. Isanyň haçda ejir çekişini görmek olaryň hemmesine örän agyr düşdi. Näme üçin halk Isanyň ölümini isledi? Gündiz nähili adaty bolmadyk hadysalar boldy? Вirden, gündiziň güni garaňky düşdi. Isa Özüni ýalňyz duýup, Hudaýy çagyrdy. Beýle ýagdaýy Ol hiç haçan duýmandy. Ol agyrydan hem suwsuzlykdan ejir çekýärdi. Agşama golaý Isa gaty ses bilen gygyrdy: — Berjaý boldy! Isa ölen wagtynda ýer titredi. Bu titreme adamlarda gorky döretdi. Jeza berilmesine ýolbaşçylyk edýän rim ýüzbaşysy uzakly gün Isany synlady durdy. Ol Isanyň Kimdigini bilmeýärdi, ýöne özüniň gözüniň öňünde adatdan daşary zatlaryň bolup geçendigini ynam bilen aýdyp bildi. Şeýlelikde, rim ýüzbaşysy wajyp saýlaw etmelidi. Ol Isanyň hakykatdan hem, Hudaýyň Ogludygyna ynanyp, hemmelere özüniň muňa göz ýetirendigini aýdyp bilýär. Ýa-da ol gürlemän, göz öňünde bolup geçen zatlaryň hemmesini ýatdan çykaryp bilýär. Eýýäm örän giçdi, şonuň üçin ol bu günki wakalaryň hemmesi hakda ertir pikir ederin diýen karara gelip bilýär. Ýüzbaşy näme etdi? Ol başyny galdyrdy-da, haça seretdi we: — Вu hakykatdan hem Hudaýyň Ogly! — diýdi. Rim ýüzbaşysy Isa hakda näme diýdi? Ýusup atly Arimatiýaly bir gowy adam Isanyň jesedini haçdan düşürip, ony bagyň içindäki kiçijik gowaga alyp gitdi. Onuň girelgesini ol ullakan daş bilen ýapdy. Soň esgerler geldiler. Mesihiň jesedini hiç kim ogurlamaz ýaly, esgerleri gowagyň agzyny goramaga goýdular. Jezalandyrma işine ýolbaşçylyk eden ýüzbaşy bolan zatlara örän gynanan bolsa gerek. Hudaý hem gynandy. Ýöne Hudaý Isanyň gowakda ýatmajakdygyny bilýärdi! Ýüzbaşynyň Kime iman edendigini Hudaý bilýärdi. Ol Hudaýyň Ogluna iman etdi. Ýüzbaşynyň Kime iman edendigini aýdanyna Hudaý begendi. Biziň öz durmuşymyzda edip biljek iň gowy saýlawymyz — bu Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanmakdyr. Doga edeliň Rebbim, Seniň Ogluňa iman edip bilýändigimiz üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Hudaý Öz Ogly Isa hemmeleriň iman etmeklerini isleýär. Isanyň Hudaýyň Ogludygyny sen nädip bildiň? Onuň seniň üçin ölendigine ynanýarsyňmy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa _____________ _______________, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň _________________ eken» diýşip, gaty gorkdular. Мatta 27:54 3. Isanyň çüýlenen haçynyň ýanynda duranlaryň içinde Onuň şägirtleriniň biri — soňy bilen Aýanlyk kitabyny ýazan resul — durdy. Onuň ady näme? DAŇDAN IRDEN Matta 28:1–10; Luka 24:9–10 Merýem bilen onuň joralary Isanyň şägirtlerine perişdäniň sözlerini aýtdylarmy? Ýa-da olar öýli-öýüne gitdilermi? Sabat gününiň ir ertirinde Isanyň şägirtleri, Onuň kömekçileri örän gaýgylydylar! Şol ýatda galan penşenbe, Mugallym bilen bile naharlanan günlerinden köp wagt geçen ýalydy. Indi şägirtler özleri hemişekisinden has gerek wagtynda Isany terk edendiklerine düşündiler. Anna güni Isa haçda öldi. Indi olar özlerini ýeke duýýardylar we gorkýardylar. Şol Sabat gününiň daň säherinde Isanyň dosty bolan Merýem örän ir oýandy. Ol howlukmaç geýnip, sebede atyr ysly ýaglary saldy. Soň ol ýuwaşja ýöräp, garaňky köçä çykdy. Ol ýerde oňa joralary garaşýardy. Olar bilen bile Merýem Iýerusalimiň derwezesinden çykdy. Aýallar baga, Isanyň ýatan gowagyna tarap ugradylar. Olar onuň jesedine atyr ysly ýaglary çalmakçydylar. Ýolda aýallar gowagyň agzyndaky äpet daşy nädip togalap biljekdikleriniň gürrüňini etdiler. Ýöne olar munuň pikirini köp etmeli bolmadylar. Birden ýer sarsdy-da, ganatlaryň sesi eşdildi. Soň perişde peýda boldy. Ol girelgäniň daşyny süýşürdi-de, daşyň üstünde oturdy. Garawullar juda gorkdular-da, öli ýaly bolup, ýere ýazyldylar. Aýallar baga haçan bardylar? Perişde olara näme diýdi? Merýem bilen joralary-da gorkdular. Perişde aýallara göwünlik berdi: — Gorkmaň! Siziň Isany gözleýändigiňizi men bilýärin. Soňky gezek siz Ony öli halda görüpdiňiz. Indi bolsa Ol, öňden size aýdyşy ýaly, diri. Baryň-da, Onuň gowakda ýokdugyna göz ýetiriň. Soň Isanyň ölümden direlendigini Onuň şägirtlerine aýdyň. Goý, olar Jelilä gitsinler, şol ýerde hem olar özleriniň Mugallymyny görerler. Мerýem bilen joralary ylgap başladylar, ýöne soň saklandylar. Olaryň sözüne kim ynanar? Şeýlelikde, aýallar wajyp saýlaw etmelidiler. Olar şägirtlere perişdäniň sözlerini, Isanyň diridigini, Jelilede Ony görüp biljekdiklerini aýdyp bilýärler. Ýa-da aýallar şägirtler özlerine ynanmazlar öýdüp, öýli-öýüne dargap bilerdiler. Aýallar näme etdiler? Olar diňe birje pursatlyk saklandylar. Edil şol pursatda hem, olaryň öňlerinde Isa peýda boldy! Isa olara: — Gorkmaň! Baryň-da, beýlekilere biziň Jelilede duşuşjakdygymyzy aýdyň — diýdi. Aýallar Isanyň şägirtlerine näme hakda gürrüň berdiler? Indi aýallar ýelden-de çalt ylgadylar. Olar Petrusa we beýleki şägirtlere bu zatlaryň hemmesiniň hakykatdygyny aýtdylar! Isa diri! Olar Isa bilen Jelilede görşüp bilýärler. Hudaý begendi, sebäbi Onuň Ogly ölmedi. Boş gowagy gören aýallaryň bu şatlykly habary Isanyň şägirtlerine aýdandyklaryna Hudaý begendi. Biziň başga adamlar bilen paýlaşyp biljek iň gowy habarymyz — bu Isanyň ölümden direlendigi hakdaky habardyr. Doga edeliň Rebbim, Isa diri! Muny bilenimize biz örän şat! Biz bu habary hemmeleriň eşitmeklerini isleýäris. Biz Isanyň ady bilen doga edýäris. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen şeýle gowy bolany üçin hakykata meňzeş däl ýaly bolup görnen täzeligi eşidip görüpdiňmi? Sen şonuň ýaly täzeligi kimdir birine ýetiripdiňmi? Olaryň iň begendirijisi — bu Isanyň ölümden direlendigi baradaky habardyr! Sen kimdir biri bilen bu habary paýlaşdyňmy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Perişde __________________ şeýle diýdi: «Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Ol bu ýerde ________________, _____________ ýaly, direldi». Мatta 28:5–6 3. Iki suraty deňeşdirip, 5 tapawudy tap. «MEN GÖRMELI!» Ýohanna 20:19–31 Tomas Isanyň diridigini aýdan dostlarynyň sözlerine ynandymy? Ýa-da onuň özi muňa göz ýetirmek isledimi? Isa dogrudanam dirimi? Isa munuň hakykatdygyny Öz şägirtleriniň bilmeklerini isledi, şonuň üçin Ol direlen güni agşam olaryň ýanlaryna geldi. Onuň kömekçileri kiçijik otaga ýygnanypdylar. Olar entegem Isany haça çüýlänlerden gorkýardylar. Gapylary hiç kim açmadyk bolsa-da, birden Mugallym olaryň arasynda peýda boldy! Isa şägirtlerine: — Size parahatlyk — diýdi. Şägirtler Ony ýene görendiklerine nähili begendiler! Bu hakykatdy! Hawa, Isa diri! Isa ol ýerde peýda bolanda, otagda şägirtleriň biri bolan Tomas ýokdy. — Biz Isany gördük! — diýip, dostlary oňa hoş habary aýtdylar. Оlar Mugallymyň özleriniň ýanlarynda bolandygyny we Onuň aýdan sözlerini Tomasa aýtdylar. Şeýlelikde, Tomas wajyp saýlaw etmelidi. Ol dostlaryna ynanyp, Isanyň diridigine şatlanyp bilýär. Ýa-da ol bu hoş habara ynanmaýandygyny aýdyp bilýär. Ol Isany görmändi ahyry, şonuň üçin şübhäni ýeňmek oňa kyn boldy. Ine, Tomas näme etdi? Ol: — Isany öz gözüm bilen görýänçäm, munuň hakykatdygyna ynanmaýaryn — diýdi. Bir hepde geçenden soň, şägirtler ýene şol kiçijik otaga ýygnandylar. Bu gezek Tomas hem bardy. Ýene gapylar ýapyk bolsa-da, Isa şägirtleriniň arasynda peýda boldy. Оl ýene olara: — Size parahatçylyk — diýdi. Isa şägirtleriniň ýanyna birinji gezek gelende ol ýerde kim ýokdy? Näme üçin Tomasa Isanyň diridigine ynanmak kyn boldy? Tomasa şübhäni ýeňmäge Isa nähili kömek etdi? Isa Tomasy Öz ýanyna çagyrdy-da, diňe Oňa seretmegi teklip etmän, eýsem, Özüne elini degrip görmäge hem rugsat etdi. Indi Tomas Mugallymynyň hakykatdan hem diridigine göz ýetirdi. Gözi bilen görýänçä Tomasyň Isanyň direlendigine ynanmandygy Hudaýy gynandyrdy. Ýöne Hudaý Tomasy gowy görýärdi we ahyrsoňy onuň şübhesini ýeňip bilenine begendi. Öz Oglunyň diridigine ynananymyzda Hudaý begenýär. Doga edeliň Rebbim, Seniň Sözüň bize Isanyň diridigi hakda gürrüň berýäni üçin biz şatdyrys. Biziň imanymyzy berkidýäniň üçin Saňa minnetdar. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Вiziň günlerimizde hiç kim Isany görüp bilmeýär, şol sebäpden hem, Onuň direlendigine sende näme ynam döredýär? (Mukaddes Kitap wakalary, doga etmeklik we ş.m.). 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Isa oňa: «Sen Meni _______________ üçin ____________ etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. Ýohanna 20:29 3. Gözeneklerde iň kiçi sözden başlap, iň uzynyna çenli ýaz, şonda sen şu wakanyň gahrymanynyň adyny ýazarsyň. «MENIŇ GOÝUNLARYMY BAK» Ýohanna 21:1–17 Petrus özüniň Isany gowy görýänini aýtdymy? Ýa-da ol dymdymy? Isa ölümden direleninden soň, şägirtleri näme iş bilen meşgullanmalydyklaryny bilmediler. Şeýdip, günleriň birinde Petrus dostlaryna özüniň balyk tutmaga gitjekdigini aýtdy. Olar hem, onuň bilen gitmek islediler. Isanyň şägirtleri ýene balykçy bolmak islän bolsalar gerek. Şol sebäpden hem, olar özleriniň köne gaýyklaryny we torlaryny çykardylar. Soň olar deňze gidip, köp ýyllar mundan ozalkysy ýaly, oňa torlaryny atdylar. Balyk gijelerine gowy düşýär. Emma şol gije şägirtler ýekeje balyk hem tutmadylar. Ertir irden olar kenarda kimdir birini gördüler, emma Ony tanamadylar. Nätanyş gaty ses bilen olardan: — Siz balyk tutduňyzmy ýa-da ýok? — diýip sorady. Isanyň şägirtleri: — Ýok! Biz hiç zat tutmadyk — diýip jogap berdiler. Soň kenardaky Adam: — Torlaryňyzy ýene bir gezek oklaň-da, olary sag tarapdan çekiň. Şonda köp balyk tutarsyňyz — diýip gygyrdy. Isa şägirtlerine nädip köp balyk tutmaga kömek etdi? Кim kenara ýüzüp geldi? Şägirtler şeýle etdiler. Tora şeýle köp balyk düşdi welin, olary suwdan çekip çykarmak mümkin bolmady. Şonda Ýohanna Petrusa: — Bu Isa! — diýdi. Petrus gözlerini galdyrdy. Dogrudan hem, bu Isady! Begenjinden hemme zady unudan Petrus suwa bökdi-de, kenara tarap ýüzdi. Beýleki şägirtler gaýykda onuň yzy bilen ýüzüp geldiler. Isa Özüne tarap ýüzüp gelýän Petrusy gördi we onuň Özüni inkär eden gijesini ýatlady. Indi Isa Petrusa öz Mugallymyny gowy görýänini üç gezek aýtmaga mümkinçilik berdi. Şonuň üçin şägirtleri bilen kenarda ertirlik edineninden soň Isa ýene Petrus bilen gürleşip başlady. Ol Petrusa üç gezek şol bir soragy berdi, Petrus hem soraglara jogap berdi. — Petrus, sen Meni gowy görýärsiňmi? — diýip, Isa sorady. Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol özüniň Isany gaty gowy görýänini aýdyp bilýär. Ol muny öz dostlarynyň ýanynda hem aýdyp bilýär. Ýa-da ol dymyp bilýär. Belki, Isa oňa ynanmaz. Eýsem, Isa Özüni inkär eden şägirdini bagyşlarmy? Ine, Petrus näme jogap berdi: — Hawa, Rebbim, Seni gowy görýänimi Özüň bilýärsiň. Şonda Isa oňa: — Meniň goýunlarymy bak — diýdi. Isa goýun hakda gürlände, adamlary göz öňünde tutdy. Isa Petrusdan adamlara Hudaýyň söýgüsi hakda aýtmagy hiç haçan bes etmezligini haýyş etdi. Soň Isa ikinji gezek sorady: — Petrus, sen Meni gowy görýärsiňmi? Isa Petrusdan näme sorady? Petrus näme jogap berdi? Petrus ýene: — Hawa, Rebbim, Seni gowy görýänimi Özüň bilýärsiň — diýip jogap berdi. Isa gaýtalady: — Meniň goýunlarymy bak. Isa üçünji gezek Petrusa şol bir soragy berdi: — Sen, dogrudanam, Meni gowy görýärsiňmi? Petrus üçünji gezek: — Rebbim, Sen hemme zady bilýärsiň. Seni gowy görýänimi Sen bilýärsiň — diýdi. Petrus ýene Isanyň: — Meniň goýunlarymy bak — diýen çagyryşyny eşitdi. Deňziň kenarynda geçiren bu gününde Petrus nähili bagtly boldy! Ol özüni Isanyň gowy görýändigini we şägirdiniň hem, Ony gowy görmegini isleýändigini bildi. Isa Petrusyň Öz kömekçisi bolup galmagyny isledi. Еger biz Isany gowy görýän bolsak, onda muny Oňa aýtmalydyrys! Doga edeliň Isa, meni gowy görýäniň üçin Saňa minnetdar. Petrus hakda hemme zady bilşiň ýaly, Sen men hakda-da hemme zady bilýärsiň. Meni-de, edil Petrusy gowy görşüň ýaly, gowy görýärsiň. Menem Seni gowy görýärin! Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Göwnüne güýçli degen adamyň seni haçan hem bolsa bir wagt bagyşladymy? Onuň öňküsi ýaly seni gowy görýänini bileniňde, nähili duýgy duýduň? Sen nähili pikir edýärsiň, sen nädogry hereket edeniňde, Isa seni gowy görýärmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Petrus Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni ______________ ___________ Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «___________________ bak» diýdi. Ýohanna 21:16 3. Boş öýjüklerde edil şunuň ýaly balyk çek. HER KIM DÜŞÜNIP BILER! Matta 28:16–20; Resullaryň işleri 1–2 Petrus Isa hakda halka gürrüň bermäge özünde batyrlyk tapdymy? Ýa-da ol başga biriniň şeýle ederine garaşdymy? Isanyň Öz Atasynyň ýanyna Göge gaýdyp gitmeli wagty geldi. Ol gitmezinden öňürti Öz şägirtlerine olar bilen hemişe bile boljakdygyna wada berdi. Soň Isa olara: — Iýerusalimde garaşyň, Hudaý size Mukaddes Ruhy goýberýär. Ol sizi batyr eder we hemme ýerde adamlara Men hakda aýtmaga kömek eder. Bu sözleri aýdanyndan soň Isa bulutda ýokary galdy. Şondan soň şägirtleri Ony görmediler. Ýöne olar özlerine wada berlen Mukaddes Ruha garaşmak üçin Iýerusalimde galdylar. Olar Isany gowy görýän adamlar bilen duşuşdylar we bile doga etdiler. Ahyrsoňy olar bir gün irden ýeliň sesine meňzeş bir ses eşitdiler. Oduň ýalnyny ýada salýan diljagazlar her adamyň kellesiniň üstünde peýda boldy. Ýöne ýalyn hiç kimi ýakmaýardy. Adamlar gürlänlerinde, olar dürli dillerde gürläp bilýän boldular! Şol gün şähere dürli ýerlerden köp adamlar gelipdiler. Olaryň hemmesi Mesihiň şägirtleriniň näme hakda gürleýändiklerine düşünip bildiler. Petrus adamlaryň giden mähellesine seretdi. Olara Isa hakda aýtmagyň iň amatly wagty! Şeýlelikde, Petrus wajyp saýlaw etmelidi. Ol batyrgaýlyk görkezip, ýygnanan adamlara wagyz edip başlady. Isa Petrusa halkyň Özi hakda bilmelidigini aýdypdy ahyry. Şonuň üçin ol, eger şu wagt wagyz edip başlasa, dogry edýändigine düşündi. Ýa-da ol, ozal hem bir gezek edişi ýaly, Isany tanamadyksyran bolup bilýär. Galyberse-de, ol başga biriniň wagyz ederine garaşyp bilýär. Isa göge alynmazyndan öňürti şägirtlerine näme buýruk berdi? Üstüne Mukaddes Ruh nenden soň, Petrus näme etdi? Petrus näme etdi? Ol mähellä ýüzlenip, gaty ses bilen gürledi. Hudaýyň Mukaddes Ruhy oňa batyrlyk berdi we gerek sözleri diline saldy. Petrus halka Isanyň bütin durmuşy hakda gürrüň berdi. Soň Onuň ölümi we ölümden direlmesi hakda aýtdy we özüni diňleýänleriň hemmesine çagyryş edip: — Günäleriňiziň hemmesine toba ediň. Isa sizi bagyşlar — diýdi. Şeýdip, Petrusyň Isa hakda aýdanlaryna üç müňe golaý adam ynandy! Petrusyň batyrlyk görkezenine Hudaý şat boldy. Ol Petrusyň adamlara Mesih hakda gürrüň berenine hoşal boldy. Biz adamlara özlerini Isanyň gowy görýändigi hakda aýtmalydyrys. Doga edeliň Rebbim, adamlara Hudaýyň Ogly hakda gürrüň bermegimiz üçin bize gerek sözleri tapmaga kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen özüňe Isa hakda gürrüň beren birnäçe adamyň atlaryny aýdyp bilýärsiňmi? Seniň özüň kime Isa hakda aýdyp bilýärsiň? Saňa gerek sözleri kim aýdyp biler? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ýöne Mukaddes __________ üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudyýada, Samariýada, ________ tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz». Resullaryň işleri 1:8 3. Sanlary birsydyrgyn çyzyklar bilen tertip boýunça birikdir. DAMASKA BARÝAN ÝOLDA Resullaryň işleri 9:1–22 Pawlus erbetlik etmesini bes etdimi? Ýa-da ol öňki durmuşyny dowam etdirdimi? Pawlus Hudaýyň kanunyny gowy bilýänleriň biridi. Ýöne ol Isany tanamaýardy. Ol Isa hakda eşidipdi, emma Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanmandy. Şonuň üçin ol Isany gowy görmegiň mümkindigi hakda pikir hem etmeýärdi. Pawlus hemme ýerde Isany gowy görýän adamlary tapýardy-da, olary zyndanlara salýardy. Ol özüniň dogry iş edýänine ynanýardy. Bir gün Pawlus Damaska alyp barýan ýol bilen gidip barýardy. Ol şol ýerde Isany gowy görýän adamlary tapyp, olary hem zyndana atmak isleýärdi. Birden gökden inen ýiti ýagty onuň gözlerini kör etdi. Pawlus ýere ýykyldy. Şol wagt ol: — Pawlus, sen näme üçin Meni kowýarsyň? — diýen sesi eşitdi. — Sen kim? — diýip, Pawlus sorady. — Men Isa. Men seniň kowýan Isaň. Isa göklere alnypdy. Ol hakykatdan hem Hudaýyň Ogludy, şonuň üçin Isa Pawlusyň şuny bilmegini isleýärdi. Mundan başga-da, Isa Özüni gowy görýänlere azar berýänlere Isanyň Özüniň azar berýändigini Pawlusyň bilmegini isleýär. Pawlus Isany gowy görýänlere näme etdi? Gökden kimiň sesi geldi? Pawlusyň gözlerine näme boldy? Pawlus ýerden turdy. Şol wagt ol hiç zat görmeýändigini bildi. Soň onuň bilen bile Damaska barýan adamlar ony elinden tutup, şähere alyp bardylar. Pawlus üç günläp, Dogry köçedäki bir öýde boldy. Ol öňküsi ýaly, hiç zat görmeýärdi. Ýöne ol doga edip bildi. Şeýdip, ol doga etdi! Köp wagt geçmänkä, Pawlusyň bolýan öýüne Isany gowy görýän bir adam gelýär. Ol: — Isa meni seniň ýanyňa iberdi. Ol seniň gözüň açylmagyny isleýär! — diýdi. Nätanyş Pawlusa elini degirdi welin, ol ýene görüp başlady. Şeýlelikde, Pawlus wajyp saýlaw etmekde erkindi. Ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanyp we Isanyň dostlaryny biderek ýere azatlykdan mahrum edendigini boýun alyp bilýärdi. Ol erbetlik etmesini bes etdirip bilýärdi. Ýa-da Pawlus Isa asla Hudaýyň Ogly däl diýip pikir edip, öňküsi ýaly, Onuň dostlaryny zyndana salmagy dowam etdirip bilýärdi. Pawlus ömrüniň galan bölegini nämä bagyş etdi? Pawlus näme etdi? Ol Isanyň kömekçisi bolma kararyna geldi! Ol birnäçe günläp Damaskda Isanyň dostlary bilen gürleşdi. Şondan soň ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny wagyz edip başlady. Pawlusyň düýpgöter üýtgändigine adamlar haýran galmagyny bes etmeýärdiler. Ol indi Isanyň dostlaryny zyndana salmaýardy. Indi ol Hudaýyň Ogluna iman etmegiň we Ony söýmegiň gerekdigini adamlara gaýta-gaýta gürrüň berýärdi! Pawlusyň erbetlik etmegini bes edenine Hudaý begendi. Pawlus hem Isa Mesihiň kimdigini ahyrsoňunda bilenine begendi. Biz nädogry hereket etmegi bes edenimizde, Isany söýýändigimizi görkezýäris. Doga edeliň Rebbim, dogry işleri nädogry işlerden tapawutlandyrmaga bize kömek edýäniň üçin Saňa minnetdardyrys. Bize dogry hereket etmegi öwret. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Nähili pikir edýärsiň, sen adamlary gowy tanaýarsyňmy? Saňa haýsydyr bir adam barada pikiriňi üýtgetmeli bolan wagtyň boldumy? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä Gökden bir ____________ onuň daş-töweregini ýagtyltdy. Şawul _____________ ýykyldy. Şonda oňun gulagyna: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen ______________ geldi. Resullaryň işleri 9:3–4 3. Кim özüni «butparazlaryň resuly» diýip atlandyrdy? Adyny ýaz. ŞATLYKLY KABUL EDIŞ Resullaryň işleri 16:6–15 Lidiýa Hudaýyň işçilerine kömek etdimi? Ýa-da ol öz işleri bilen meşgullanmagyny dowam etdirdimi? Pawlus Isanyň Kimdigini bileninden soň, bütin dünýä syýahat etmäge başlady. Ol adamlara Isa hakda gürrüň bermek isledi. Bir gün Pawlus adaty bolmadyk bir düýş gördi. Bir makedoniýaly erkek kişi onuň düýşüne girdi. Ol Pawlusdan Makedoniýa gelip, onuň halkyna kömek etmegini haýyş etdi. Şonuň üçin Pawlus ertesi gün Makedoniýa gidýän gämä münýär. Pawlus bilen ol ýere Isanyň başga-da birnäçe dostlary — Silas, Timoteos we Luka gitdi. Onuň ertesi güni olar ullakan bir şähere baryp ýetdiler. Ol şäheriň golaýynda bir derýa akyp durdy. Şeýdip, olar Sabat güni, Hudaýyň gününde, Pawlus dostlary bilen şäherden çykyp, ol ýere gitdiler. Olar şol ýerde Hudaýyň halkyndan kimdir birini göreris we olar bilen bile doga ederis diýip umyt etdiler. Kenarda birnäçe aýaly görüp, syýahatçylar olaryň ýanlarynda oturdylar. Pawlus olara Isa hakda gürrüň berip başlady. Ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny, Onuň olary örän gowy görýändigini olara aýtdy. Pawlusy diňlän aýallaryň biriniň ady Lidiýady. Onuň özüniň täjirçilik işi bardy: ol keteni satýardy. Bu açyk gyzyl reňke boýalan matanyň adydy. Lidiýa Hudaýa ynanýardy, ýöne Isa hakda hiç zat bilmeýärdi. Pawlus aýallar bilen gürleşen wagtynda Hudaý Lidiýa eşiden zatlaryna iman etmäge kömek etdi. Indi ol Isanyň Hudaýyň Ogludygyny bilýärdi. Näme üçin Pawlus bilen dostlary derýanyň kenaryna gitdiler? Ol ýerde olar nähili damlary gözlediler? Lidiýa Pawlusdan nämäni bildi? Lidiýa özüniň Isa iman edendigini başga adamlaryň bilmekleri üçin suwa çümdirilmek isledi. Köp wagt geçmänkä, onuň maşgalasyndakylaryň hemmesi suwa çümdürildiler! Şeýlelikde, Lidiýa wajyp saýlaw etmelidi. Ol Hudaýyň işçilerinden öz öýünde galmaklaryny haýyş edip bilýärdi. Şeýle bolsa, ol şäheriň beýleki ýaşaýjylary bilen bilelikde Isa we Onuň adamlara bolan söýgüsi hakda has köp zat eşidip bilýärdi. Ýa-da Lidiýa Pawlus hem onuň dostlary bilen hoşlaşyp, öz söwdasy bilen aşa başagaý ýaly bolup ýöräp bilýär. Lidiýa nädip Hudaýyň kömekçisi boldy? Lidiýa näme etdi? Ol Pawlusy öz öýüne çagyrdy. Lidiýanyň kömegi bilen bu şäherdäki köp adamlar Hudaýyň Ogly hakda bildiler. Hudaý Öz işçilerini Lidiýanyň şatlyk bilen kabul edenine begendi. Şondan soň Lidiýa hem, Hudaýyň kömekçisi boldy. Bu bolsa oňa bagt getirdi. Isa gulluk etmek üçin wagt tapmaklyk — mydama dogry çözgütdir. Doga edeliň Rebbim, Saňa gulluk etmek üçin mydama wagt tapmaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Käwagt çagalar hem, edil uly adamlar ýaly, özlerinden Hudaýyň garaşýan işini ederden juda işli bolýarlar. Adatça sen uzakly gün näme bilen başagaý bolýarsyň? Sen haýsy gowy görýän işiň üçin mydama wagt tapýarsyň? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Ol aýal öý-içersi bilen _____________________ soň ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, _____________ galyň» diýip, bizi yrdy. Resullaryň işleri 16:15 3. Missionerleriň gämisine kenara ýüzüp barmaga kömek et. ZYNDANDA HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRMAK Resullaryň işleri 16:16–36 Pawlus Hudaýa ynanmak has kyn bolan wagtynda Oňa ynandymy? Ýa-da ol hemişe Hudaýa bil baglamadymy? Köp adamlar Pawlusyň wagyzlaryny diňlemegi gowy görýärdiler. Ol olara Isa iman etmegi öwredýärdi. Şeýle-de bolsa, häkimlige we baýlyga ymtylýan adamlar Hudaýyň söýgüsine düşünip bilmeýärdiler. Pawlusyň wagyzlary olaryň gaharyny getirýärdi. Bir gün birnäçe adam Pawlus bilen Silasy tutup, olary zyndana taşlady. Näme üçin? Sebäbi ol ýerde olar adamlara Isa hakda aýdyp bilmeýärdiler. Zyndanda oturmak Pawlus bilen Silasa kyn düşýärdi. Türme ýolbaşçysy olaryň hiç haçan erkinlige çykmazlygy üçin hemme zady etdi. Äpişgelerdäki we gapylardaky gözenekler olara erkinlige çykma ýoluny ýapyp durdy. Ýesirleriň aýaklaryna dakylan gandallar olara hereket etmäge mümkinçilik bermeýärdi. Olar mydama türmäniň hapa polunda oturmaly bolýardylar. Şeýlelikde, Pawlus bilen Silas wajyp saýlaw etmelidiler. Olar ruhdan düşmän bilýärdiler, sebäbi Hudaý, hatda türmede-de, olar bilendi. Olar özleriniň aladasyny Hudaýyň etjekdigine umyt edip bilýärdiler. Ýa-da olar ruhdan düşüp, gözýaş döküp bilerdiler. Iki dost özleriniň güýçleri bilen zyndandan çykmaga synanyşyp bilerdiler, ýöne beýle etseler, olara ölüm howpy abanardy. Näme sebäpden Pawlus bilen Silasy zyndana taşladylar? Zyndanda olar ruhdan düşmedilermi ýa-da gaýga batdylarmy? Pawlus bilen Silas näme etdiler? Olar öňküleri ýaly, Hudaýa bil bagladylar we gaýgylanmadylar. Gije olar doga edip we Hudaýy şöhratlandyryp başladylar! Tussaglaryň hemmesi olaryň seslerini eşitdiler we olardan bu ýerde, zyndanda Hudaýyň söýgüsi hakda bildiler. Вirden ýer titredi. Ol şeýle güýçli titredi welin, zyndanyň gapylary açyldy! Tussaglary saklap duran gandallaryň hemmesi üzülip ýere düşdi! Türme garawuly gaty gorkdy. Ýöne Pawlus ony köşeşdirdi: — Gaýgy etme! Biziň hemmämiz şu ýerde. Bu sözlerden soň, türme garawuly öz günälerinden nädip halas bolmalydygyny bilmek isledi. Pawlus bilen Silasyň Hudaýa doga edenini we Ony wasp edişlerini ol hem eşidipdi. Ol Pawlus bilen Silasyň özüne Hudaý hakda gürrüň berjekdiklerini bilýärdi. Olar oňa: — Isa iman etseň, halas bolarsyň — diýdiler. Şeýlelikde, garawul iman etdi! Ol Pawlus bilen Silasy öýüne çagyrdy. Olar onuň öýünde maşgalasyna we özlerini diňleýänleriň hemmesine Isa hakda gürrüň berdiler. Pawlus bilen Silas nädip türme garawulyna kömek etdiler? Türme garawuly Pawlus bilen Silasy naharlady. Ertir irden ol olara: — Baryň, indi siz azat — diýdi. Pawlus bilen Silasyň Özüne iman edendikleri üçin Hudaý hoşal boldy. Zyndanda-da Isa wepalylygy saklandyklaryna dostlaryň ikisi-de şat boldular. Olar iň çydamsyz şertlerde hem, ruhdan düşmeli däldigini bildiler. Şol gije bolsa, ajaýyp gije boldy! Biz Hudaýa hatda iň kyn wagtlarda-da bil baglamalydyrys. Doga edeliň Rebbim, iň agyr şertlerde hem, biziň ýanymyzda bolýanyň üçin Saňa minnetdar. Mydama Saňa bil baglamaga bize kömek et. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sende hemme zadyň tersine bolup durandygyna düşünen wagtyň boldumy? Sen nähili pikir edýärsiň, Hudaýa doga etmek, aýdym aýtmak we bil baglamak saňa kynçylyklarda kömek edermi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. Olar hem: «Reb Isa _______________________, öý-içeriň bilen __________________» diýdiler. Resullaryň işleri 16:31 3. Tablisadan sag tarapda ýazylan sözleri ýaz we aşagyny çyz. Galan harplardan sen Pawlusyň dostunyň we egindeşiniň adyny düzüp bilersiň. HEMMELERE ÖWREDIŇ Resullaryň işleri 18 Apollos öz mugallymlaryny diňledimi? Ýa-da ol Isa hakda bilmeklik özüne gerek däl diýip hasap etdimi? Pawlusy zyndandan goýberenlerinden soň, ol syýahatyny dowam etdirdi. Ol bir ýerden başga bir ýere gitdi we hemme ýerde adamlara Isa hakda gürrüň berdi. Bir gezek Pawlus bir şähere geldi we ol ýerde täze dost tapdy. Bular Akila bilen onuň aýaly Priskillady. Pawlus özüniň täze dostlarynyň öýünde ýaşady we olar bilen bile çadyr tikdi. Her hepdede Pawlus Rebbiň gününde ybadathana bardy. Adamlaryň Hudaýa tagzym etmek üçin barýan ýerleriniň ady şeýledi. Ybadathanada doga edýänleriň hemmesi Hudaýy gowy görýärdiler. Ýöne olar Onuň Ogly Isa hakda hiç zat bilmeýärdiler. Pawlus adamlara Isa hakda gürrüň berende, olaryň käbirleri oňa ynanmady, käbirleri-de ynanyp, Hudaýyň Ogluna iman etdiler we Ony gowy gördüler. Soň Pawlus başga şähere gidip, ol ýerde bir ýyldan gowrak wagt ýaşady. Şu wagtyň dowamynda ol adamlara Mesih hakda gürrüň berdi we olara ders berdi. Ahyrsoňy Pawlusyň bu şäherden gitmeli wagty geldi. Нudaý onuň başga şäherlere baryp, ol ýerde adamlara Mesih hakda gürrüň bermegini isledi. Pawlus täze dostlarynyň öýünde nähili iş etdi? Pawlus bilen başga şähere ýene kim gitdi? Аkila bilen Priskilla, ýagny Pawlusyň täze dostlary, onuň bilen bile ýola düşdüler. Dostlar başga şähere bardylar. Pawlus ýene köp adamlara Isany wagyz etdi. Ol syýahatyny dowam etdirende, Akila bilen Priskilla bu gezek onuň yzyna düşmediler. Bir gezek Akila bilen Priskilla Sabat gününde ybadathana geldiler. Hudaýa tagzym edilýän bu ýer olaryň şol wagtky ýaşaýan şäherinde ýerleşýärdi. Ybadathanada är-aýal wagyz diňleýärdiler. Ybadathanada wagyz edýän adamyň ady Apollosdy. Ol gowy mugallymdy. Ýöne Pawlusyň dostlary onuň Isa hakda bilmeýändigine düşündiler. Ol wagyz edip bolandan soň, Akila bilen Priskilla Apollosdan özi bilen gürleşmegiň mümkinmidigini soradylar. Razylyk alanlaryndan soň, olar oňa özlerine Pawlusyň öwreden zatlarynyň hemmesini gürrüň berdiler. Şeýlelikde, Apollos wajyp saýlaw etmelidi. Ol Akila bilen Priskillanyň Isa hakda aýdanlaryny diňläp bilýärdi. Ol bu är-aýala özleriniň bilýän zatlarynyň hemmesini özüne öwretmäge rugsat berip, soň hem, özi başgalara gürrüň berip bilýärdi. Ýa-da ol olara özlerini diňlemek islemeýändigini, Hudaý hakda özüne gerek zatlaryň hemmesini bilýändigini aýdyp bilýärdi. Akila bilen Priskilla Apollosa kim hakda gürrüň bermek islediler? Soňy bilen pollos beýleki adamlara kim hakda gürrüň berdi? Apollos näme etdi? Ol Akila bilen Priskillanyň özüne aýdan zatlarynyň hemmesini ünsli diňledi. Şondan soň ol Hudaýyň Ogly hakda gürrüň bermek üçin başga şäherlere gitdi. Ol Isanyň Kim bolandygyny adamlara düşünmäge kömek etdi. Ol adamlara: — Siz Hudaýyň özüňize kimdir birini goýbererine garaşýarsyňyz. Ýöne Hudaý eýýäm Isany goýberdi! Ol Hudaýyň Ogludyr. Isa siziň Garaşýanyňyzdyr — diýdi. Apollosyň kömegi bilen köp adamlar Isa hakda bildiler. Apollosyň Akila bilen Priskillany diňländigine Hudaý şat boldy. Olar gaty gowy gürrüň berdiler, Apollos hem olary ünsli diňledi. Soňy bilen Apollos hem gowy wagyzçy boldy! Isa hakda köpräk bilme kararyna gelmek bilen biz iň dogry saýlawy edýäris! Doga edeliň Rebbim, bize Isa hakda gürrüň berýän Mukaddes Kitap taryhlary we olaryň bize köp zady öwredýäni üçin Saňa minnetdar. Biziň mugallymlarymyz üçin Saňa minnetdar. Olar bize Mukaddes Kitabyň gürrüň berýän zatlaryna düşünmäge kömek edýärler. Isanyň ady bilen. Omyn Soraglar we ýumuşlar 1. Sen Isa hakda näme bilýärsiň? Apollos ýaly Isa hakda başga adamlara gürrüň bermek üçin Ol hakda köpräk bilmek isleýärsiňmi? 2. Вu Mukaddes Kitap aýadynda birnäçe sözler ýazylmandyr. Olary ýaz. «Ol ___________ gaýratlylyk bilen geplemäge başlady. Akila bilen Priskilla muny eşidenlerinde, Apollosy öz ýanlaryna alyp, oňa Hudaýyň _________ has takyk düşündirdiler». Resullaryň işleri 18:26 3. Isanyň Öz şägirtlerine, diýmek, Onuň yzyna eýerijileriň hemmesine beren Beýik tabşyrygyny okamak üçin boş öýjükleri doldur. Ýazylmadyk haprlary tapmaga saňa gapyrjak kömek eder. Bellikler 1. Lepta Täze Äht döwründe iň ownuk teňňedi.