menýu

Ýahýanyň ikinji haty 1 Bap


1 Hudaýyň saýlany, meniň hakykatda söýýän hanymyma, onuň çagalaryna ýaşuludan salam! Sizi diňe men däl, eýsem, hakykaty tanaýanlaryň hemmesi-de söýýändir.

2 Çünki hakykat bizde galýar, ol baky biziň bilen galar.

3 Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden hakykat, söýgüde merhemet, rehim we parahatlyk biziň bilen bolar.

4 Men seniň oglanlaryň käbirleriniň Atadan alan buýrugyňyz boýunça hakykatda gezýänini görenime gaty şat boldum.

5 Häzir, eý hanym, saňa bir täze buýruk däl-de, ozal-başdan bizde bolany ýazyp, senden birek-biregi söýmegi haýyş edýärin.

6 Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr. Onuň buýrugy ozal-başdan eşidişiňiz ýaly, söýgüde gezmegiňizdir.

7 Sebäbi dünýä ençeme aldawçy geldi. Olar Isa Mesihiň bedende gelenini ykrar etmeýär. Beýle adam aldawçy, Mesihe garşy göreşijidir.

8 Biz gazananlarymyzy ýitirmän, doly muzdy alar ýaly, özüňizden habardar boluň.

9 Mesihiň taglymatyndan arany açan, onda galmaýan adamda Hudaý ýokdur. Kim taglymatda galýan bolsa, onda hem Ata, hem-de Ogul bardyr.

10 Biri gelip-de, bu taglymaty getirmese, ony içeri salmaň, oňa salam bermäň.

11 Çünki oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.

12 Size ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne kagyz, syýa bilen ýazasym gelenok. Emma şatlygyňyz kämil bolar ýaly, ýanyňyza gelip, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.

13 Saýlanan uýam oglanlary saňa salam aýdýar. Omyn.

Bölümler: 1