menýu

Ýahýanyň üçünji haty 1 Bap


1 Meniň hakykatda söýýän söýgüli doganym Gaýusa ýaşuludan salam!

2 Eý, söýgüli doganym, janyň üstünlikli bolşy ýaly, seniň hemme zatda üstünlik gazanyp, saglykda bolmagyň üçin doga edýärin.

3 Çünki käbir doganlar gelip, seniň hakykatda gezişiň ýaly, hakykata baglydygyňa güwä geçenlerinde, men gaty şat boldum.

4 Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok.

5 Eý, söýgüli doganym, sen ýat hem bolsalar, doganlara edýän ähli zatlaryňda sadyksyň.

6 Olar ýygnagyň huzurynda seniň söýgiň barada güwä geçdiler. Olary Hudaýa mynasyp tärde ýola salsaň, ýagşy edersiň.

7 Çünki olar iman etmediklerden hiç bir zat alman, Isanyň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar.

8 Biz hakykat ugrunda işdeş bolar ýaly, şeýle adamlary kabul etmäge borçludyrys.

9 Men ýygnaga ýazdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy söýýän Diotrefis bizi kabul etmeýär.

10 Munuň üstesine, ol doganlary-da kabul etmeýär, muny etjek bolýanlara hem päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar. Şoňa görä-de, eger baraýsam, bize erbet sözler aýdyp, eden işlerini ýadyna salaryn.

11 Eý, söýgüli doganym, erbede däl, ýagşa öýkün. Ýagşylyk edýän Hudaýdandyr, erbetlik edýän Hudaýy gören däldir.

12 Dimitriosa hemmeler, hakykatyň özi güwä geçýär. Biz hem güwä geçýäris; güwäligimiziň hakdygyny bolsa sen bilýänsiň.

13 Saňa ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne syýa, galam bilen ýazasym gelenok.

14 Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.

15 Saňa parahatlyk bolsun! Dostlar saňa salam aýdýarlar. Ol ýerdäki dostlara atma-at salam ýetir. Omyn.

Bölümler: 1