menýu

Koloselilere haty 1 Bap


1 Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan, doganymyz Timoteosdan,

2 Kolosedäki mukaddes hem imanly doganlara salam! Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.

3 Biz mydama siziň üçin doga edip, Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükür edýäris.

4 Çünki size gelip gowşan Hoş Habaryň hak sözüni öňden eşiden we siziň üçin Gökde saklanan umydyňyz üçin,

5 siziň Mesih Isa bolan imanyňyzy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňizi eşitdik.

6 Bu Hoş Habar, ony eşidip, Hudaýyň merhemetine hakykatdan göz ýetiren günüňizden bäri, siziň araňyzda bolşy ýaly, bütin dünýäde-de miwe berip, ösüp gelýär.

7 Muny-da biziň üçin Mesihiň sadyk hyzmatkäri söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz.

8 Siziň Ruhdaky söýgiňizi-de bize ol habar berdi.

9 Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga etmegiň, bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegiň yzyny üzmeýäris.

10 Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmegiňiz, her oňat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda ösmegiňiz,

11 Onuň şöhratly gudratyna görä, bütin sabyr, çydam üçin, her hili güýç bilen güýçlenmegiňiz üçin dileg edýäris.

12 Mukaddesleriň nurdaky mirasyndan paý almaga size başarnyk beren Hudaýa, Ata begenç bilen şükür etmegiňiz üçin doga edýäris.

13 Ol bizi garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçürdi.

14 Biz Onda gutulyşa, günäleriň ötülmegine eýediris.

15 Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.

16 Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary ― baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.

17 Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir.

18 Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Her zatda Özi birinji bolar ýaly, başlangyç, ölülerden ilkinji doglan-da Oldur.

19 Çünki Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna,

20 Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, Gökdäki zatlar bolsun ― baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy.

21 Bir wagtlar erbet işler üçin pikiriňizde Hudaýa ýat hem duşman bolan sizi-de,

22 indi Mesih Öz ynsanlyk bedeniniň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyrdy.

23 Özüňiziň eşiden, Gök astyndaky bütin ýaradylyşda wagyz edilen, men Pawlusyň-da hyzmatkäri bolan Hoş Habarymyň umydyndan gymyldaman, imanda esasly berk dursaňyz, Hudaý sizi mukaddes, çirksiz we müýnsüz edip, Öz öňünde goýar.

24 Men siziň ugruňyzda gören görgülerime indi guwanýaryn, Mesihiň teni bolan imanlylar ýygnagy ugrundaky muşakgatlaryň ýetmezleriniň üstüni öz tenimde doldurýaryn.

25 Men, Hudaýyň sözüni, geçen döwürlerden, nesillerden ýaşyrylan syry bütinleý bildirmek üçin, Hudaýyň siziň peýdaňyza maňa beren wezipesine görä, imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum.

26 Indi bolsa syr Onuň mukaddeslerine aýan boldy. Hudaý olara milletler arasynda bu syryň şöhratly baýlygynyň nämedigini,

27 ýagny şöhrat umydy bolan Mesihiň içiňizdedigini bildirmek isledi.

28 Biz ähli adamy Mesihde Hudaýa kämil hödürlär ýaly, her kime öwüt-ündew edip, ähli kişä bütin akyldarlyk bilen tälim berip, Mesihi wagyz edýäris.

29 Şoňa görä-de, men Onuň gudrat bilen özümde işleýän güýjüne daýanyp, göreşip zähmet çekýärin.

Bölümler: 1 2 3 4