Hoşeýa | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Hoşeýa 1 Bap

çalt geçiş:

1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň; Ysraýylda Ýowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa aýtdy: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär».

3 Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy.

4 Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.

5 Şol gün Ýizregel deresinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».

6 Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan bu ýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.

7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».

8 Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.

9 Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.

10 Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.

11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».