HORMATLY DOSTLAR!
2026-njy ýyl üçin niýetlenen kalendaryň goşmaçasy bolan "Injil hekaýalaryny" hödürlemekden
hoşaldyrys. Ol kalendarda on iki aý üçin görkezilen doly tekstleri öz içine alýar. Olar Hudaýyň
häsiýetini we maksatlaryny açyp görkezýär, ynsan kynçylyklarynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrýar, halas
bolmagyň ýoluny görkezýär we geljekki ykbalymyz barada garaýyş hödürleýär.
Täze Ähtiň her bir hekaýasyny oýlanyşykly we ünsli okamak size iki müň ýyl mundan ozal bolup geçen
wakalar bilen baglanyşmaga, hristiançylygyň nähili dörändigini öwrenmäge we Hudaýyň Sözüni okamagyň
ýatdan çykmajak tejribesini başdan geçirmäge mümkinçilik berer.
Size iň aýdyň we ýakymly tejribeleri arzuw edýäris! Şeýle hem, eger siz Mukaddes Kitaby öwrenmegiňizi dowam etdirmek
isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bolsa we ruhy goldawa mätäç bolsaňyz, size kalendary beren adam bilen
habarlaşyň; olar Hudaýyň Sözüni öwrenýän ybadathananyň ýa-da ynanýanlaryň toparynyň nirede
duşuşýandygyny hökman bilerler.
Ilki bilen Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny gözleň...
Matta Injiliniň 5, 6, 7-nji baplary
Isa üýşen mähelläni görüp, daga çykyp oturdy. Şägirtleri Onuň ýanyna geldiler,Isa hem olara
öwretmäge başlady: «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr. Gussa çekýänler bagtlydyr,
çünki olara göwünlik berler. Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar. Dogrulyga
ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar. Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim
ediler. Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler. Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki
olara Hudaýyň ogullary diýler. Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly
bagtlysyňyz!
Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda
depelenmekden başga hiç zada ýaramaz.
Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz.Çyrany ýakyp, gabyň
aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk
berýändir. Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki
Ataňyzy şöhratlandyrarlar. Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men
bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim.
Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir
nokat-da öçmez.Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara
öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň
Şalygynda uly saýylar.Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen
fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz. Siz ata-babalarymyza: „Adam öldürme,
kim adam öldürse, höküme sezewar bolar“ diýlenini eşidensiňiz.Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna
gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar
bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.
Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa
düşse, sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy
hödür et. Dawagäriň bilen entek ýoldakaň ýaraş, ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp,
zyndana düşmegiň ahmal.Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň. Siz:
„Zyna etme“ diýlenini hem eşidensiňiz. Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz
ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup
taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr. Sag eliň seniň günä etmegiňe
sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.
Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir.Emma Men size diýýärin,
aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen
adam hem zyna edýändir. Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy
berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz.Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök
Hudaýyň tagtydyr. Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant
içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir.Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak
ýa gara edip bilýän dälsiňiz.Siziň „hawaňyz“ hawa, „ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.
Siz: „Göz ornuna göz, diş ornuna diş“ diýlenini eşidensiňiz. Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy
durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana
donuňy-da ber.Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol
ýöre.
Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme. Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem
eşidensiňiz. Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg
ediň. Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň
hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz
özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi
näme?Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle
etmeýärmi näme?Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».
«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle
etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý
çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda,
köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.Siz sadaka
bereniňizde, sag eliňiziň näme edýänini sol eliňiz bilmesin. Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun.
Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer. Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly
bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size
dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.
Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň.
Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer. Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş
sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size
nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn. Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň:
„Eý, gökdäki Atamyz!
Adyň mukaddes bolsun!
Patyşalygyň gelsin!
Gökde bolşy ýaly,
ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.
Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Emma
siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz. Agyz bekläniňizde
ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar
bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Emma siz agyz bekläniňizde,
başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn
Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip
ogurlaýandyr.Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular
girip ogurlaýandyr.Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. Bedeniň çyrasy gözdür.
Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar. Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar.
Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr! Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip
bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik
eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.
„Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň
islegiň amala aşsyn! Gündelik çöregimizi bize şu gün ber. Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz
ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla. Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“
Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.
Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan
iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir? Guşlara serediň, olar ne ekýärler,
ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da
iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz?
Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? Näme üçin egin-eşigiň aladasyny
edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp
egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly
geýinmändi. Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa,
sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?
Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň.Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar,
ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň
dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň,
ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».
«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili
ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol
ölçeg bilen ölçeler.
Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?Nädip sen öz
gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek?Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki
agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň. Mukaddes zady itlere bermäň.
Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi
parçalaýmasynlar. Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Elbetde, dilän
alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer?Ýa-da
balyk dilände, ýylan berer?Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän
bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?
Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň
kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär. Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän
gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly
dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr. Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip
gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir. Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da
ýandakdan injir ýygylýarmy? Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa
erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.Oňat miwe bermeýän her
bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. Maňa: „Ýa
Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa
girer. Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň
bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk
edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn.
Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly
adama meňzeýär. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol
gaýanyň üstünde gurlupdy. Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň
üstünde guran akmak adam ýalydyr. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp,
bütinleý wes-weýran boldy». Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy,
sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit
toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly
dälmisiňiz?
Durmuşda iň köp näme gözleýärsiňiz? Iň uly gymmatyňyz näme? Bilim, abraýly hünär, üstünlik, şöhrat, baýlyk, güýç ýa-da beýleki dünýewi nygmatlar? Emma bularyň hemmesi wagtlaýyn! Bütin ömrüňizi dowam etmejek zada bagyşlamagyň manysy barmy? Haýsyny saýlardyňyz: gabrda gutarýan hyýaly dünýewi üstünlikmi ýa-da bu dünýewi durmuşdan soň Hudaý bilen bagtly ebedi durmuşmy? Isa Mesih bize hödürleýär «ilki bilen Hudaýyň Patyşalygyny gözle», öwezine bize hakykatdanam gerek bolan ähli zady bermegi wada berýär.
GOŇŞUM KIM?
Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme
etmeli?» diýip sorady. Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili
düşünýärsiň?» diýdi. Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen
jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen
hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?»
diýip sorady.
Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň
eşiklerini sypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlap gidýärler. Tötänlikde bir ruhany şol
ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten
wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa,
bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar. Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar.
Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär. Şol günüň ertesi
myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma
gelýärkäm bererin“ diýýär. Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny
bolýar?» Dindar: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et»
diýdi.
Ýagşy samariýaly ýaly bolmak üçin nähili häsiýetleri ösdürmeli? Başga milletden we medeniýetden bolan bir adam näme üçin mätäç birine kömek etdi, ilki kömek etmeli bolanlar bolsa, näme üçin? Goňşularymyzy kim hasaplap bileris? Derrew kömege mätäç bolanlar hemişe bar. Eger biz şeýle adamlara üns berip, olara kömek etsek, Hudaý bizi görüp, höweslendirýär. Şeýdip, biz Hudaýyň iň möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirýäris.
Ata! Olary bagyşla...
Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip,olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky
azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz
dogry çykmady. Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz
ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir.Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi. Emma
ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. Barabbas şäherde ýüze
çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. Pilat Isany boşatmak niýeti bilen
ýene-de halka ýüzlendi.Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat üçünji gezek
olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň
üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça
çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy.
Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. Olaryň soran adamyny, gozgalaň
turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi. Esgerler
Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we
Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler. Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň
üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy. Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim
gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. Çünki şeýle bir günler geler, adamlar:
„Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler. Şonda
daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler. Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar
edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?» Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin
alyp barýardylar. Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen
birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. Isa:
«Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň
eşiklerini paýlaşýardylar. Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri
halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçenMesih i bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!»
diýişýärdiler. Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:«Ýahudylaryň
patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR»
diýen ýazgy bardy.
Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «SenMesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!»
diýdi. Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany
çekýärsiň! Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry»
diýdi. Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi. Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny
aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
Size agyry we ejir çekdirýänleri bagyşlap bilýärsiňizmi? Siz näme üçin boýun egmäge we abraýyňyza ýa-da hatda janyňyza howp salýan zady görmän gelmäge taýynmy? Isanyň sud edilmegi diňe bir syýasy we dini gülkünç däl, eýsem elhenç jenaýatdy. Isa adamlara bolan söýgi we hemmeleri halas etmek islegi sebäpli muňa ýol berdi.
OL DIRELDI!
Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem
mazary görmäge gitdiler.Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete
togalady-da, onuň üstünde oturdy. Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.
Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar. Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň
haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly
direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň. Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa
direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny
aýdandyryn» diýdi. Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp,
Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.
Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde
etdiler. Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler»
diýdi. Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy
ruhanylara habar berdiler. Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp
pul berip:«Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň. Bu
habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler. Garawullar
puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip
gelýär. Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. Isany görüp, Oňa sežde etdiler,
emma olaryň käbiri şübhelendi.
Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. Şonuň
üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa
çümdüriň.Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna
çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Isanyň elhenç jezalandyrylandan soň ölülerden direldigine ynanýarsyňyzmy? Kime has köp ynanýarsyňyz: munuň mümkin däldigini öňe sürýänleremi ýa-da onuň direlmegine şaýat bolanlaramy? Iki müňýyllyk bäri beýan edilen wakalaryň hakykatlygy jedelli mesele bolup gelýär. Emma Isanyň ölülerden direlendigi dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan milliardlarça hristianlar, Injiliň dogrulygy we Injil pygamberlikleriniň ýerine ýetmegi tarapyndan tassyklanýar. Bu faktlar barada näme pikir edersiňiz? Isa iň ýokary we mutlak ygtyýara eýedir, onuň taglymatlary hakykatdyr we talaplary hökmanydyr. Hoş Habara ynanyň - Isa hakykatdanam direldi!
ÝAGŞY ÇOPAN
Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr. Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr. Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler. Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler.Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin. Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar. Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar. Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
Isa biziň bilen gatnaşygyny görkezmek üçin çopanyň we onuň goýunlarynyň mysalyny ulanýar. Siz öz durmuşyňyzy mähirli we aladaçyl Çopana tabşyrmaga taýynmy? Eger şeýle bolsa, diňleň, Isa siziň bilen şahsy gürleşýär. Isanyň yzyna düşüň, Ol sizi gorar we goldar.
ÇAGALAR ÝALY BOLUŇ...
Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar. Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz. Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur. Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar. Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla. Saňa ýeke gözli bolup baky ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňlanyňdan gowudyr. Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.
Çagalar henizem ösüp we ösýän bolsa-da, biz olardan Hudaý bilen gatnaşyklarymyz barada köp zat öwrenip bileris. Çagalar ynanýarlar, bagyşlap we boýun egip bilýärler we eşidenlerine tüýs ýürekden ynanýarlar. Hudaý bizden şeýle gatnaşygy isleýär. Çagalar hökmünde Gökdäki Atamyzyň islegine gulak asmak üçin näme etmeli?
TÖWBA EDEN GÜNÄKAR ÜÇIN ŞATLYK
Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň
paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär. Birnäçe günden soň
kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele
sowurýar. Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar. Şeýlelikde,
ol gidip, şol ýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga iberýär.
Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi.
Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem
doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! Gowusy, kakamyň ýanyna
baryp, oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp
däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin“. Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar.
Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony
ogşaýar. Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de
mynasyp däl“ diýýär. Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony
getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. Baga bakylan göläni getirip,
damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“
diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerini
eşidýär. Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň sebäbini soraýar. Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp
geldi. Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär. Uly
ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar. Emma ol kakasyna
şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň
buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir
çebiş-de bermediň. Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga
bakylan göläniň damagyny çaldyň“. Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda ahyry, meniň bar zadym
seniňkidir. Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi,
indi tapyldy“ diýip jogap berýär».
Israç ogul baradaky tymsal biziň bilen Hudaýyň arasyndaky gatnaşyk barada hekaýadyr. Käbirleri, kiçi ogul ýaly, ruhy mirasyny sowurýarlar, umytsyzlyk we umytsyzlyk çuňlugyna çümýärler. Beýlekiler bolsa diňe özlerini söýüp, Rebbiň merhemetini gözleýärler. Emma Hudaý, söýýän ata hökmünde, "aňyna gelen" we Onuň merhemetini gözleýän her bir adamy garşylaýar. Reb hemişe biziň bilen duşuşmaga we bagyşlamaga gujagyny açmaga taýýardyr. Bütin ömrümizi öz düzgünlerimiz we pikirlerimiz bilen ýaşandygymyzy aňlap, Gökdäki Atamyza gaýdyp gelmäge taýýarmy?
YNAMYŇYZ SIZI HALAS ETDI...
Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy. Ol köp ejir çekip, ençeme
lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi. Bu
aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini
degirdi. Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy. Şol wagtyň özünde onuň
gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny
şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady.
Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini
degirdi?“ diýip soraýarsyň?» diýdiler. Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.
Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli
hakykaty aýdyp berdi. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden
saplan» diýdi.
Durmuşyňyzda sizi şatlykdan we abadançylykdan mahrum edýän çözülip bolmajak mesele barmy? Özbaşdak çözgüt tapyp biljekdigiňize henizem umydyňyz barmy? Eger ýok bolsa, Isa ýüzleniň! Keselli aýalyň sagalmaga synanyşyklary şowsuz tamamlandy; ähli mümkinçilikler gutardy, ýöne diňe biri galdy we ol dogry bolup çykdy! Biz nähili sapak alyp bileris? Aýalyň sagalmagyna näme sebäp boldy? Isa näme üçin onuň sagalandygyny yglan etdi? Siz Isanyň durmuşyňyzy üýtgetmek we halas bolmak üçin Oňa ýüzlenmek güýjüni kabul etmäge taýynmy?
HUDAÝYŇ SÖZI ÝAŞAÝYŞ ÇÖREGIDI
Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi. Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi. Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi. Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: «Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi. Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Injile bolan garaýşyňyz nähili? Onuň Hudaýyň Sözidigine ynanýarsyňyzmy? Isa ony adaty çörekden has gymmatly ruhy iýmit hökmünde aýdýar. Synaglarda çydamly bolmak üçin Hudaýyň Sözüni bilmeli, oňa eýermeli we oňa gulak asmaly. Dünýäde näme üçin şeýle köp ýamanlygyň bardygyny, ýöne Hudaýyň hereketsiz galýandygyny hiç wagt oýlandyňyzmy? Ýaradyjyny synap görmäge, ony adatdan daşary herekete mejbur etmäge synanyşdyňyzmy? Eger şeýle bolsa, seresap boluň. Isa Hudaýy synamagyň zerurlygynyň ýokdugyny aýdyňlaşdyrýar; Onuň ýagşylygyna, mukaddesligine we dogrulygyna şübhelenmeli däl. Siz näme saýlardyňyz: dünýäniň ähli baýlyklaryna eýe bolup, janyňy zaýalamagy ýa-da durmuşyňyzy Hudaýa tabşyryp, Onuň huzurynda bagyşlanmany we ebediligi tapmagy? Isa haýsyny saýlaýandygyny aýdyňlaşdyrdy. Siz näme edersiňiz?
SEN ÝENE-DE DOGULMALYSYŇ
Fariseýleriň arasynda Nikodim atly bir adam bardy, ol ýahudylaryň mejlisiniň bir agzasydy. Ol bir gün
gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň
Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi. Isa oňa:
«Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden
doglup bilmez ahyry!» diýdi. Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan
dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan
ruhdur.
Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma. Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny
eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir».
Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň
mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?! Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk
edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz. Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma
ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz? Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe
gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.
Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir. Şoňa görä Oňa iman eden
her bir adam baky ýaşaýşa gowşar».
Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna
iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.
Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa iman
eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman
etmedi.
Dini mugallym Nikodim bilen söhbetdeşlikde Isa ynsan düşünjesinden we görünýän dünýäden has ýokary bolan bir tema barada gürrüň edýär. Görünýän ýaly, ynsan bu gezek ruhy taýdan täzeden dogulmaly. Şeýle dogluş Hudaýyň goşulyşmasy bolmazdan bolup bilmez we onuň ýoklugy ynsan ruhunyň ýok edilmegine howp salýar. Bir adamyň ruhy taýdan dogulmagy üçin Hudaý Isany biziň dünýämize iberýär. Biz Hudaýyň dünýäsine, Onuň Patyşalygyna Onuň arkaly girip bilýäris. Siz Hudaýyň Ruhundan doguldyňyzmy? Size söýýän Hudaýyň Ogly Isa Mesihde beren ýaşaýşa eýemisiňiz?
GÖTERILEN ÝENE-DE GAÝDYP GELER
Resullaryň Işleri 1:1-11
Eý, Teofil! Men birinji kitabymda Isanyň tä göge göterilen gününe çenli başdan-aýak bitiren we öwreden ähli işleri barada ýazdym. Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi. Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi. Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz». Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar. Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl. Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi. Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup: «Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Isa Mesihiň bir gün yzyna gaýdyp, öz yzyna eýerijilerini Gökdäki Watanyna alyp gitjekdigini düşünýärsiňizmi? Ähli hristianlar Isanyň Kilisesi, Mukaddes Ruh tarapyndan täzeden doglanlaryň jemgyýetidir. Siz Mesihiň Kilisesi agzasymy? Isanyň Ikinji Gelişini garaşýarsyňyzmy? Ol sizi Özü bilen alyp gidermi? Munuň üçin, siz Isanyň gelmeginden öň toba etmek üçin iman bilen ýüzlenmeli, ruhy taýdan täzeden dogluşy başdan geçirmeli, Mukaddes Ruh bilen doldurylmaly we Isanyň gelmeginden öň onuň şägirdi bolmaly.
DÜNÝÄNIŇ HALASKARYNYŇ DOGULMAGY
Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.
Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. Ilat ýazuwyndan
geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi. Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp,
Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline
degişlidi. Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. Olar Beýtullahamdakalar,
Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy,
sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.
Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar. Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň
bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde
olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan
edýärin: Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol RebbimizMesih dir. Ine, bu size
bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi.
Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:
«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!»
diýýärdiler.
Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň,
Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.
Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Olar Isany
görenlerinde, bu çaga hakda eşidenlerini olara gürrüň berdiler. Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary
haýran galdy. Merýem bolsa bu zatlaryň bary hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy.
Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar,
öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.
Bizi Roždestwo wakalaryndan iki müňýyllyk bölýär, ýöne dünýäniň Halasgäriniň dogulmagy baradaky habar ýaňlanyp, ähli ýere ýaýramagyny dowam etdirýär. Şol wagt bolşy ýaly, şu gün hem her bir adam iman arkaly gözlerini Beýtullahamdaky halas bolmagyň parlaýan ýyldyzyna gönükdirip biler. Şu günler, gadymy çopanlar ýaly, Hoş Habary eşidenimizde, biz Çaga ýüzlenip, Onuň aýaklarynda halas bolmagy tapyp bileris. Isanyň dogulmagy baradaky hekaýa sizde nähili pikirleri we duýgulary döredýär? Bu hekaýa siziň durmuşyňyza nähili täsir edýär? Isa siziň ýüregiňizde dogulmaga ýer taparmy? Siz Hudaýa bize eden ýagşylygy we ajaýyp gök sowgady — Halasgär Isanyň dogulmagy üçin minnetdarmy?