1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 14 Bap

çalt geçiş:

1 Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.

2 Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna Onuň öz patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.

3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman,

5 Ýybhar, Elişuwa, Elipelet;

6 Noga, Nepek, Ýapyýa;

7 Elişama, Begelýada we Elipelet.

8 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy.

9 Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar.

10 «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi.

11 Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.

12 Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.

13 Piliştliler şol jülgä ýene çozdular.

14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olary töwerekle-de, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.

15 Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir».

16 Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.

17 Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.