Ýahýanyň birinji haty 3 Bap
1 Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir! Şonuň üçin-de dünýä bizi tanamaýar, çünki Ony tanamady.
2 Eý, söýgüli doganlar, biz şindi Hudaýyň balalarydyrys. Biziň näme boljakdygymyz entek aýan bolanok. Ýöne Mesih aýan bolanda, Onuň ýaly boljakdygymyzy bilýäris, çünki Ony bolşy ýaly göreris.
3 Oňa umyt baglan her kes Onuň sap bolşy ýaly, özüni saplar.
4 Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr.
5 Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz. Onda günä ýokdur.
6 Onda galýan hiç kim günä etmez. Günä edýän kişi Ony ne görendir, ne-de tanandyr.
7 Eý balalar! Hiç kime özüňizi azdyrtmaň! Kim dogrulygy ýerine ýetirýän bolsa, Onuň dogry bolşy ýaly dogrudyr.
8 Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy.
9 Hudaýdan dogan adam günä etmez, çünki Hudaýyň tohumy onda galýandyr. Ol günä edip bilmez, çünki ol Hudaýdan doglandyr.
10 Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.
11 Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň.
12 Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Ol ony näme üçin öldürdi? Çünki öz işleri erbet, doganynyňky dogrudy.
13 Eý doganlar, dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geňirgenmäň.
14 Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris, sebäbi, biz doganlary söýýäris. Ýöne doganyny söýmeýän ölümde galýandyr.
15 Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz.
16 Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys.
17 Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar?
18 Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň.
19 Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň.
20 Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir.
21 Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar.
22 Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris.
23 Onuň buýrugy bolsa Ogly Isa Mesihiň adyna iman etmegimiz, Onuň bize buýruşy ýaly, biri-birimizi söýmegimizdir.
24 Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Onuň bizde galýanyny şundan, ýagny Onuň bize beren Ruhundan bilýäris.