Petrusyň birinji haty 5 Bap
1 Özleri ýaly ýaşuly, Mesihiň görgüleriniň güwäsi, görünjek şöhratyň şärigi bolan men araňyzdaky ýaşululardan şulary haýyş edýärin:
2 araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl-de, isleg bilen,
3 özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň.
4 Şeýlelikde, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.
5 Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn boluň. Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň, çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir.
6 Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň.
7 Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr.
8 Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir.
9 Dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň.
10 Mesihde Öz ebedi şöhratyna çagyran bütin merhemetler Hudaýy az wagtlaýyn görgi göreniňizden soň, sizi kämilleşdirer, berkider, güýçlendirer we gurar.
11 Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun. Omyn.
12 Meniň pikirimçe sadyk dogan bolan Silwanusyň üsti bilen size az ýazdym, sizi ündäp, siziň içinde duranyňyzyň Hudaýyň hakyky merhemetidigine güwä geçdim.
13 Babylda siziň bilen bilelikde saýlanan ýygnak we oglum Markus size salam aýdýar.
14 Biri-biriňize söýgi ogşugy bilen salam aýdyň. Mesihde bolan siziň baryňyza parahatlyk bolsun! Omyn.