menýu

2 Selaniklilere haty 1 Bap


1 Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam!

2 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!

3 Eý doganlar, biz siz babatda elmydama Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Beýle etmegimiz ýaraşyklydyr. Çünki siziň imanyňyz gitdigiçe ösýär, her biriňiziň beýlekä bolan söýgüsi artýar.

4 Şeýlelik bilen, biz çekýän azaryňyzda, muşakgatyňyzda görkezýän çydam hem imanyňyz üçin, Hudaýyň ýygnaklary arasynda siziň bilen magtanýarys.

5 Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde, siz ugrunda görgi görýän Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz.

6 Çünki size muşakgat çekdirenlere Hudaýyň muşakgat bilen gaýtargy bermegi,

7 muşakgat çeken sizi-de biziň bilen bile ynjaltmagy Onuň adyllygyna ýaraşyklydyr. Bu zatlar Reb Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen Gökden gelip görnen mahaly ýüze çykar.

8 Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar.

9 Bular Onuň huzuryndan, güýjüniň şöhratyndan daş bolup, ebedi heläkçilik jezasyny çekerler.

10 Ol günde Reb Öz mukaddeslerinde şöhratlanmak, bütin iman edenleri täsin galdyrmak üçin şol gün gelende, şeýle bolar. Siz hem iman edenlerdensiňiz, çünki siz özüňize beren güwäligimize ynandyňyz.

11 Şonuň üçin Hudaýymyz sizi Öz çakylygyna mynasyp saýsyn, ýagşylyga bolan ähli arzuwyňyzy, imandan ugur alan ähli işiňizi gudrat bilen amala aşyrsyn diýip, hemişe siziň üçin doga edýäris.

12 Biz muny Hudaýymyzyň we Reb Isa Mesihiň merhemetine görä, Rebbimiz Isanyň ady sizde şöhratlansyn, siz hem Onda şöhratlanyň diýip edýäris.

Bölümler: 1 2 3