menýu

2 Selaniklilere haty 3 Bap


1 Mahlasy, doganlar, Rebbiň sözüniň, siziň araňyzda bolşy ýaly, çaltlyk bilen ýaýrap, şöhratlanmagy üçin, biz barada doga ediň.

2 Erbet, ýaman adamlardan gutulmagymyz üçin doga ediň. Çünki hemmesi iman getiren däldir.

3 Emma Reb ynamdardyr. Ol sizi berkider, iblisden gorar.

4 Biziň buýranlarymyzy hem edýänligiňize, hem-de etjekdigiňize Rebde size ynamymyz bar.

5 Reb ýüregiňizi Hudaýyň söýgüsine, Mesihiň sabryna gönükdirsin.

6 Doganlar, bizden alan taglymatyňyza uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys.

7 Çünki bizi nähili görelde edinmelidigiňizi özüňiz bilýänsiňiz. Sebäbi biz siziň araňyzda boş gezmedik.

8 Hiç kimiň çöregini hem mugt iýmän, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, zähmet çekip gije-gündiz azap bilen işledik.

9 Biz muny sizden ýardam almaga hakymyzyň bolmanlygy üçin däl, eýsem, bizden görelde alar ýaly, size nusga bolmak üçin etdik.

10 Biz ýanyňyzdakak hem size: «Kim işlemek islemeýän bolsa, onda ol damak-da iýmesin» diýen buýrugy berdik.

11 Çünki siziň araňyzda käbir adamlaryň boş gezýänini, hiç bir iş etmän, beýlekileriň işine gatyşýanyny eşidýäris.

12 Beýle adamlara gep-gürrüňsiz işläp, öz çöreklerini gazanmagy Reb Isa Mesihiň adyndan buýrup, nesihat berýäris.

13 Emma siz doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.

14 Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen gatnaşyk etmän, utandyryň.

15 Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.

16 Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyz bilen bolsun!

17 Men Pawlus bu salamy size öz elim bilen ýazýandyryn. Meniň her hatymdaky belgim şudur, şeýle ýazýaryn.

18 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun!

Bölümler: 1 2 3