2 Timoteosa haty 2 Bap
1 Şeýlelikde, oglum, Mesih Isadaky merhemet bilen güýçlen.
2 Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr.
3 Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör.
4 Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir.
5 Ýaryşa gatnaşýan adam ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz.
6 Zähmet çeken daýhan, hasylyndan ilkinji paýy özi almalydyr.
7 Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer.
8 Meniň ýaýradýan Hoş Habaryma görä, Dawudyň neslinden bolup, ölümden direlen Isa Mesihi ýada sal.
9 Men bu Hoş Habar ugrunda, jenaýatçy ýaly, zynjyrlar bilen baglanyp görgi görýärin. Ýöne Hudaýyň sözi baglanan däldir.
10 Şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Mesih Isadaky gutulyşa gowşar ýaly, olaryň hatyrasyna her zada döz gelýärin.
11 Bu bir dogry sözdür: Onuň bilen bile ölen bolsak, Onuň bilen bile-de ýaşarys.
12 Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris. Ony inkär etsek, Ol hem bizi inkär eder.
13 Biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly bolar. Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez.
14 Bu zatlary olaryň ýadyna sal. Eşidýänleri heläkçilige eltmekden başga hiç bir zada peýda bermeýän söz dawalaryny çykarmazlygy Rebbiň huzurynda olara berk tabşyr.
15 Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et.
16 Ýaramaz, boş sözlerden gaça dur. Çünki bulara baş goşýanlar hudaýsyzlykda mundan beýläk-de ilerlärler.
17 Olaryň sözleri rak kimin ýaýrar. Imeneýus bilen Filitus bulardandyr.
18 Olar direlişiň eýýäm bolup geçendigini aýtmak bilen, hakykatdan azaşdylar, indi bolsa käbir adamlaryň imanyny dargadýarlar.
19 Emma Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler bilen möhürlidir.
20 Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir.
21 Şeýlelikde, eger biri özüni bu abraýsyz işlerden tämizlese, onda ol hormatly maksatlara ýaraşykly, mukaddes edilen, hojaýynyna peýdaly we her bir oňat işe taýýar gap bolar.
22 Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer.
23 Samsyk hem düşnüksiz jedellerden çekil. Çünki dawalaryň bulardan turýandygyny bilýänsiň.
24 Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr.
25 Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýoluny açar.
26 Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular.