Galatýalylara haty 3 Bap
1 Eý, akmak galatýalylar! Hakykata boýun bolmaz ýaly, sizi kim jadylady? Isa Mesih haça çüýlenen hökmünde gözüňiziň öňünde suratlandyrylmadymy?
2 Men sizden diňe şuny biljek bolýaryn: siz Mukaddes Ruhy Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen aldyňyzmy ýa-da eşidenleriňize iman etmek bilen?
3 Siz beýle akmakmysyňyz? Ruh bilen başlap-da, indi adam güýji bilen soňlajak bolýarsyňyzmy?
4 Siz beýle görgüleri biderek ýere gördüňizmi? Dogrudan-da biderekmidi?
5 Size Ruhy beren, araňyzda gudratlar görkezen muny kanun işlerini berjaý edeniňiz üçin, eşidenleriňize iman edeniňiz üçin edýärmi?
6 Meselem, «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
7 Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Ybraýymyň çyn ogullary iman getirenlerdir.
8 Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýip öňünden buşlady.
9 Şeýle, iman edenler iman eden Ybraýym bilen bilelikde bereket taparlar.
10 Kanun işlerine umyt baglaýanlaryň ählisi gargyş astyndadyr, çünki: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
11 Hudaýyň öňünde bolsa hiç kimiň kanun bilen aklanmaýanlygy aýdyňdyr, çünki «dogry adam iman bilen ýaşar».
12 Emma kanun imandan däl, eýsem, «kim bu zatlary berjaý etse, olar arkaly ýaşar».
13 Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly,
14 Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: «Dar agaçdan asylan kişi lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
15 Doganlar, adamlaryň oýlanyşyna görä aýdýaryn, hiç kim tassyklanan bir ähti, adamyňky hem bolsa, güýçden düşürip bilmez ýa oňa bir zat goşup bilmez.
16 Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, «nesillere» däl, eýsem, birine wada berip, «seniň nesliňe» diýýär. Bu-da Mesihdir.
17 Meniň aýtjak bolýanym şu: dört ýüz otuz ýyl soňra gelen Mukaddes Kanun Hudaýyň öňden Mesihe tassyklan ähtini güýçden düşürip, berlen wadany ortadan aýyrmaz.
18 Çünki miras kanuna bagly bolsa, onda wada bagly däldir. Emma Hudaý mirasy beren wadasy bilen Ybraýyma berdi.
19 Onda Kanun nämä gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçä, perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jenaýatlar sebäpli ähte goşuldy.
20 Araçy diňe bir tarapa degişli däldir, Hudaý bolsa birdir.
21 Kanun Hudaýyň beren wadalaryna garşymydyr? Ýok! Çünki ýaşaýyş bermegi başarýan bir kanun berlen bolsa, onda, dogrudan-da, dogrulyk kanuna bagly bolardy.
22 Emma Isa Mesihe bolan iman arkaly berlen wada iman getirenlere bolar ýaly, Mukaddes Ýazgy bütin dünýäni günäniň ýesiri etdi.
23 Biz bu iman gelmezden öň kanun astynda saklanyp, geljekki iman aýan bolýança, ýesir edilipdik.
24 Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.
25 Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris.
26 Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz.
27 Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi.
28 Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz.
29 Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.