Ýakubyň haty 4 Bap
1 Araňyza uruşlar, dawalar nireden girýär? Agzalaryňyzda uruşýan höweslerden dälmi?
2 Siz isleýärsiňiz, ýöne gazanmaýarsyňyz; öldürýärsiňiz, içigaralyk edýärsiňiz, ýöne hiç bir zada ýetip bilmeýärsiňiz; dawalaşýarsyňyz, uruşýarsyňyz; gazanmaýarsyňyz, çünki dilemeýärsiňiz.
3 Dileýärsiňiz, ýöne hiç zat almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz.
4 Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir.
5 Ýa-da: «Bizde mesgen tutan Ruh gabanjaňlyk bilen küýseýändir» diýen Ýazgy ýöne ýerden aýdýandyr öýdýärsiňizmi?
6 Ol iňňän uly merhemet berýändir. Şonuň üçin hem: «Hudaý tekepbirlere garşy durýandyr, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýýär.
7 Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar.
8 Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý günäkärler, eliňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýüregiňizi saplaň.
9 Gussa çekiň, ýas tutup aglaň; gülkiňiz ýasa, şatlygyňyz gaýga öwrülsin.
10 Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder.
11 Eý doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa doganyna höküm edýän bolsa, ol kanuny ýamanlaýandyr, Mukaddes Kanuna höküm edýändir. Sen kanuna höküm etseň, onda kanuny berjaý edýän däl, oňa höküm edýänsiň.
12 Kanun çykaryjy, höküm ediji birdir, Ol gutarmagy hem heläk etmegi başarýandyr. Başga adamlara höküm eder ýaly, sen kim?
13 Hany indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak» diýýänler.
14 Eý, ertirki günüň näme getirjegini bilmeýänler, ýaşaýşyňyz näme? Ol bir az wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur.
15 Munuň deregine: «Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis» diýmelisiňiz.
16 Emma siz öz öwünjeňligiňiz bilen magtanýarsyňyz. Beýle magtanmalaryň bary erbetdir.
17 Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir.