1 Hudaýyň gazap taýagyndan hasrat çeken adam men.
2 Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
3 Ol bütin gün gaýta-gaýta garşyma elini galdyrdy.
4 Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady.
5 Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy.
6 Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy.
7 Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady, boýnuma agyr zynjyrlar saldy.
8 Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady.
9 Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi.
10 Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr.
11 Ýolumdan azaşdyryp parçalady, halys sandan çykardy.
12 Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi.
13 Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi.
14 Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum.
15 Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi.
16 Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi.
17 Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
18 Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi».
19 Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!
20 Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar.
21 Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär:
22 Rebbiň wepaly söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.
23 Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!
24 Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn».
25 Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara gowudyr.
26 Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr.
27 Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr.
28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.
29 Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.
30 Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun.
31 Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez.
32 Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.
33 Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez.
34 Ýurduň ähli ýesirleri aýak astynda depelenende,
35 Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende,
36 dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir?
37 Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?
38 Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?
39 Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin?
40 Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.
41 Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
42 Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň.
43 Kowaladyň bizi gazap bilen, rehimsizlik bilen öldürdiň.
44 Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip.
45 Bizi milletler arasynda syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.
46 Ähli duşmanlarymyz bizi ýaňsyladylar.
47 Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.
48 Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar.
49–50 Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.
51 Şäherimdäki gyzlaryň halyna ýüregim gyýym-gyýymdyr.
52 Maňa nähak duşman bolanlar meni guş kimin awlap tutdular.
53 Diriligime çukura taşlap, üstümden daş okladylar.
54 Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim.
55 Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb.
56 «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.
57 Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň.
58 Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň.
59 Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň, meniň hakymy alyp ber.
60 Menden nähili öç alyşlaryny gördüň, garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.
61 Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.
62 Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.
63 Ertirden agşama çenli men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.
64 Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!
65 Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin!
66 Gazap bilen kowalap, gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!