Markusyň Hoş Habary 13 Bap
1 Isa ybadathanadan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Gör, ne ajap daşlar, ne ajap jaýlar!» diýdi.
2 Isa oňa: «Bu uly jaýlary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
3 Ol Zeýtun dagynda ybadathananyň garşysynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy ýekelikde Ondan:
4 «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Bularyň ählisiniň ýerine ýetjek mahaly näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
5 Isa-da olara gürrüň bermäge durdy: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar!
6 Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men ― Ol" diýer. Olar köp adamy aldarlar.
7 Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habar eşideňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir.
8 Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar we belalar ýüze çykar. Bu wakalar burgularyň başlangyjydyr.
9 Emma siz özüňize habardar boluň! Sebäbi sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň alnynda durzarlar.
10 Öňürti Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir.
11 Sizi suda tabşyrjak bolup alyp barýarkalar, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol sagatda size näme berilse, şony diýiň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.
12 Dogan ― dogany, ata ― çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ata-enelerine garşy bolup, olary öldürderler.
13 Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener, ýöne soňuna çenli çydan halas bolar.
14 Weýrançylyk getirýän, Daniýel pygamberiň aýdan ýigrenjisiniň bolmaly däl ýerinde duranyny göreniňizde, (okyjy düşünsin) Ýahudadakylar daglara gaçsyn.
15 Öýüň üçegindäki aşak inip, bir zat almak üçin, içerik girmesin.
16 Ekin meýdanyndaky donuny almak üçin, yzyna öwrülmesin.
17 Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý!
18 Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip doga ediň.
19 Çünki ol günlerde şeýle bir muşakgat bolar welin, beýle muşakgat Hudaýyň bar eden ýaradylyşynyň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar.
20 Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Ol saýlan saýlantgylarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.
21 Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde" ýa „Ine, ol ýerde" diýse, ynanmaň.
22 Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer.
23 Ägä boluň. Men hemme zady size öňünden aýtdym».
24 Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez.
25 Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreşer.
26 Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler.
27 Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar».
28 Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz.
29 Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň.
30 Size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
31 Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim ötmez».
32 Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne Gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir.
33 Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz.
34 Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz işini berip, gapynyň garawulyna-da oýa bolmagy tabşyrýandyr.
35 Şeýlelikde, oýa boluň, çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi ― haçan geljegini bilmeýärsiňiz.
36 Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn.
37 Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!»