Süleýmanyň pähimleri | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Süleýmanyň pähimleri 9 Bap

çalt geçiş:

1 Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.

2 Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.

3 Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:

4 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa şeýle diýýär:

5 «Gel, meniň nanymdan iý. Taýýarlan şerabymdan iç.

6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».

7 Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer, ýaramazlyk edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.

8 Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer.

9 Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.

10 Danalygyň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.

11 Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar.

12 Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.

13 Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir.

14 Öýüniň gapysynyň alnynda, şäheriň belent ýerinde oturyp, ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:

16 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa:

17 «Ogurlyk suw süýjüdir, gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.

18 Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.