Titusa haty 2 Bap
1 Emma sen sagdyn taglymata ýaraşykly bolany öwret.
2 Garry adamlara hüşgär, agras, sagdyn düşünjeli, imanda, söýgüde hem sabyrda sagdyn bolmalydyklaryny aýt.
3 Şonuň ýaly, garry aýallar hem myjabatçy, köp şerap guly däl-de, eýsem, ýaşaýyşlarynda sylaga mynasyp, ýagşylygy öwredýänler bolsun.
4 Onsoň olar Hudaýyň sözüne dil ýetirmez ýaly, ýaş gelin-gyzlary öz ärlerini, çagalaryny söýýän,
5 sagdyn düşünjeli, päk, öýünde işeňňir, oňat we öz ärlerine tabyn bolmagy üçin ýetişdirip bilerler.
6 Şonuň ýaly-da, ýaş ýigitlere hem sagdyn düşünjeli bolmagy ünde.
7 Özüň oňat işler edip, olara her zatda görelde görkez.
8 Bize garşy bolanlar biz hakda aýdara hiç bir ýaman gep tapman utanar ýaly, taglymatyňda sap, agras bolup, hiç kimiň aýyplap bilmejek sagdyn sözlerini aýt.
9 Gullara halasgär Hudaýymyzyň taglymaty her babatda bezär ýaly, hojaýynlaryna tabyn bolmagy, jogap gaýtarman, ogurlaman,
10 bütinleý sadyklyk görkezip, hojaýynlaryny her zatda hoşnut etmegi ünde.
11 Çünki Hudaýyň hemme ynsanlara gutulyş getiren merhemeti äşgär boldy.
12 Bu merhemet bize, hudaýsyzlygy, dünewi höwesleri ret edip, mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşyp,
13 häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär.
14 Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi.
15 Bulary aýdyp, diňleýänlere doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe. Hiç kim seni äsgermezlik etmesin.