Efeslilere haty 2 Bap
1 Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz.
3 Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk.
4 Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin,
5 ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz.
6 Hudaý Mesih Isada bize bolan mähribanlygyndaky merhemetiniň çäksiz baýlygyny geljek döwürlerde görkezmek üçin,
7 Mesih Isada bizi Onuň bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy.
8 Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr.
9 Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir.
10 Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris.
11 Şonuň üçin bir wagtlar özge milletlerden dogan, tende adam eli bilen emele gelen sünnetlilik bilen sünnetli diýip atlandyrylanlar tarapyndan sünnetsiz diýlen siz,
12 şol wagtlar Mesihsiz, Ysraýyla raýatlykdan mahrum, wadanyň ähtlerine ýat, umytsyz, dünýäde Hudaýsyz bolandygyňyzy ýada salyň.
13 Bir wagtlar Hudaýdan daş bolan siz indi Mesih Isada, Mesihiň gany saýasynda Oňa ýakyn bolduňyz.
14 Çünki Ol biziň parahatlygymyzdyr. Ol iki tarapy birleşdirip, aradaky diwary, duşmançylygy Öz teni bilen ýykdy.
15 Tabşyryklardan ybarat buýruklar kanunyny ýatyrdy. Ol muny Özünde ikisinden bir täze adam ýaradyp, parahatlygy berkarar etmek,
16 duşmançylygy haçda öldürip, haç arkaly bir tende ikisini Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin etdi.
17 Mesih gelip, daşdaky size hem ýakyndakylara parahatlygy yglan etdi.
18 Çünki biziň ikimiziň bir Ruhda Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr.
19 Şeýlelikde, siz indi ýat, mysapyr däl-de, mukaddesleriň watandaşy bolup, Hudaýyň maşgalasyna degişlisiňiz.
20 Isa Mesihiň Özi burç daşy bolup, siz resullaryň, pygamberleriň düýp-teýkarynda bina edildiňiz.
21 Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär.
22 Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz.