Efeslilere haty 4 Bap
1 Şeýlelikde, Reb ugrunda bendi bolan men sizden çagyrylyşyňyza mynasyp gezmegi haýyş edýärin.
2 Pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen birek-birege sabyr-takatly boluň.
3 Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň.
4 Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir,
5 Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir.
6 Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir.
7 Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi.
8 Munuň üçin: «Belentlige çykyp, tussaglary yzyna tirkedi. Adamlara sylaglar berdi» diýilýär.
9 Ine, bu «çykdy» sözi, Mesih öňürti aşak, ýer ýüzüne indi diýmek däl-mi, näme?
10 Inen-de, ähli zady doldurmak üçin bütin Gögüň depesine çykan-da birdir.
11 Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk,
12 mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin,
13 Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi.
14 Ol muny biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolman,
15 eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi.
16 Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar.
17 Munuň üçin men muny aýdyp, Rebbiň adyndan size duýduryş berýärin: mundan beýläk, özge milletleriň gezişi ýaly, olaryň boş pikirlerine eýerip gezmäň.
18 Olar ýürekleriniň gatylygy zerarly, içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat boldular, aň-düşünjeleri garaňkyrady.
19 Bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler.
20 Emma siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz.
21 Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz, Ondaky hakykat boýunça Onuň ýolunda tälim alansyňyz.
22 Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň.
23 Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň.
24 Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň.
25 Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.
26 Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn.
27 Iblise ýol bermäň.
28 Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin.
29 Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň.
30 Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz.
31 Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun.
32 Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.