Işaýa | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Işaýa 39 Bap

çalt geçiş:

1 Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodak-Baladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.

2 Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasynda bolan kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmat-baha ýaglaryny, gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Onuň köşgünde we bütin patyşalygynda olara görkezilmedik zat galmady.

3 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.

4 Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi.

5 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit:

6 „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.

7 Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar"».

8 Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.