Işaýa | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Işaýa 56 Bap

çalt geçiş:

1 Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tiz azat etmäge gelerin, halas edişim görünmäge golaýdyr.

2 Muny edýän ynsan, ony berk saklaýan nähili bagtly! Ol Sabat gününi tutýar, ony harlamaýar, elini ýaman işden saklaýar».

3 Rebbe birigen keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.

4 Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi saklaýan, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara

5 öýümde, diwarlarymyň içinde ogullardyr gyzlardan-da gowy hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.

6 Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe birigen kesekileri, Sabat günümi harlaman saklaýanlary, ähtimi berk saklaýanlary,

7 mukaddes dagyma getirerin, dilegler öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli halklar üçin dilegler öýi diýip atlandyrylar».

8 Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».

9 Eý, ähli wagşy haýwanlar, eý, bütin jeňňel haýwanlary, geliň, iýmäge geliň!

10 Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.

11 Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.

12 Olar: «Geliň, şerap getireliň! Bol içgi içeliň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.