menýu

Ýahýanyň Hoş Habary 11 Bap


1 Merem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy.

2 Merem Rebbiň üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy.

3 Şeýlelikde, uýalar: «Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.

4 Isa muny eşidende: «Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir» diýdi.

5 Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi.

6 Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy.

7 Onsoň şägirtlerine: «Ýene Ýahuda gideliň» diýdi.

8 Şägirtleri Oňa: «Mugallym, ýehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler.

9 Isa olara şeýle jogap berdi: «Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň nuruny görýändir.

10 Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda nur ýokdur».

11 Soňra Isa olara: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn» diýdi.

12 Şägirtleri Oňa: «Ýa Reb, uklan bolsa sagalar» diýdiler.

13 Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler.

14 Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: «Lazar ölüpdir.

15 Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmanlygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň».

16 Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: «Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň» diýdi.

17 Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken.

18 Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady.

19 Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Mereme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi.

20 Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merem bolsa öýde galdy.

21 Marta Isa: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi.

22 Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi.

23 Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi.

24 Marta bolsa: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi.

25 Isa oňa şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar.

26 Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?»

27 Ol Oňa: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýdi.

28 Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Meremi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: «Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar» diýdi.

29 Merem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi.

30 Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi.

31 Öýde Meremiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler.

32 Merem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi.

33 Isa onuň we onuň bilen bile gelen ýehudylaryň aglaýanyny görende, çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy.

34 Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý» diýdiler.

35 Isa aglady.

36 Ýehudylar: «Ol ony, gör, nähili söýýän eken!» diýişdiler.

37 Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?» diýişdiler.

38 Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar.

39 Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy» diýdi.

40 Isa oňa: «Men saňa „Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň" diýmedimmi?» diýdi.

41 Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.

42 Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym».

43 Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy.

44 Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: «Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin» diýdi.

45 Şeýlelikde, Meremiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ýehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler.

46 Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň edenlerini fariseýlere aýtdylar.

47 Onsoň baş ruhanylardyr fariseýler mejlis çagyryp, şeýle diýdiler: «Näme etmeli? Bu Adam köp alamat görkezýär.

48 Oňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder, rimliler hem gelip, ýurdumyzy-da, halkymyzy-da eýelär».

49 Olaryň biri, şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz.

50 Ähli halkyň heläk bolmagynyň deregine bir adamyň halk üçin ölmeginiň bize peýdalydygyna düşünmeýärsiňiz» diýdi.

51 Ol muny öz-özünden aýtman, eýsem, şol ýyl baş ruhany bolanlygyndan, Isanyň halk üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy.

52 Ol diňe halk üçin hem däl-de, Hudaýyň dagynyk perzentlerini birleşdirmek üçin hem ölmelidi.

53 Şeýlelikde, şol günden başlap, Ony öldürmegi ýüreklerine düwdüler.

54 Şondan soň Isa ýehudylaryň arasynda aç-açan gezmän, ol ýerden çöllügiň gyrasyndaky Efraim diýen şähere gidip, şägirtleri bilen bile şol ýerde galdy.

55 Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň özlerini tämizlemek üçin Iýerusalime gelipdiler.

56 Olar Isany agtarýardylar, ybadathanada durkalar biri-birlerine: «Näme diýýärsiňiz, Ol baýrama gelmezmikä?» diýişýärdiler.

57 Baş ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, görkezsin diýip buýruk beripdiler.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21