Ýahýanyň Hoş Habary 2 Bap
1 Şondan iki gün soň, Jeliläniň Kana şäherinde nika toýy boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.
2 Isa we Onuň şägirtleri-de toýa çagyrylypdylar.
3 Şerap ýetmezlik edende, Isanyň ejesi Oňa: «Şeraplary ýok» diýdi.
4 Isa oňa: «Eý hatyn, Meniň işimiň saňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelip ýetenok» diýdi.
5 Ejesi hyzmatkärlere: «Size näme diýse, şony ediň» diýdi.
6 Şol ýerde ýehudylaryň täret kylmak üçin ulanylýan, her biri iki ýa üç ölçeg tutýan alty sany daşdan ýasalan suw küýzesi bardy.
7 Isa hyzmatkärlere: «Küýzeleri suw bilen dolduryň» diýdi. Olary agyzlaryna çenli doldurdylar.
8 Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň guramaçysyna äkidiň» diýdi. Olar hem äkitdiler.
9 Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwy dadyp görende, onuň nireden gelenini bilmän, (muny diňe suw guýan hyzmatkärler bilýärdi) öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa şeýle diýdi:
10 «Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa erbedini berýändir, emma sen gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň».
11 Şeýlelikde, Isa ilkinji alamatyny Jeliläniň Kana şäherinde ýüze çykaryp, Öz şöhratyny görkezdi. Şägirtleri Oňa iman etdiler.
12 Şondan soň Isa ejesi, doganlary we şägirtleri bilen Kapernauma gitdi. Ol ýerde birki gün galdylar.
13 Ýehudylaryň Pesahy ýakynlaşanda, Isa Iýerusalime gitdi.
14 Ol ybadathanada sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary gördi.
15 Ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy.
16 Kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden äkidiň, Atamyň öýüni dükana öwürmäň» diýdi.
17 Şonda şägirtleriň ýadyna Mukaddes Ýazgydaky «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» diýlen sözler düşdi.
18 Ýehudylar garşy çykyp, Ondan: «Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyna bize näme alamat görkezersiň» diýip soradylar.
19 Isa olara: «Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin» diýip jogap berdi.
20 Ýehudylar Oňa: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda salyndy, Sen ony üç günde dikeldersiňmi?» diýdiler.
21 Ýöne Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
22 Isa direlenden soň, şägirtleri Onuň aýdanyny ýatlap, Ýazga, Isanyň sözlerine iman etdiler.
23 Pesah baýramynda Iýerusalimdekä Isanyň görkezen alamatlaryny görenleriň köpüsi Onuň adyna iman etdiler.
24 Emma Isa ähli adamlary tanaýanlygy üçin, olara Özüni ynanmaýardy.
25 Ol adam babatda hiç kimiň güwäligine mätäç däldi, çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21