menýu

Filipililere haty 1 Bap


1 Mesih Isanyň guly men Pawlus we Timoteosdan Filipidäki gözegçiler hem hyzmatçylar bilen bilelikde Mesih Isada bolan ähli mukaddeslere salam!

2 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!

3 Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip,

4 ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli,

5 hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin.

6 Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar.

7 Siziň baryňyz hakda şeýle oýlanmagym hakdyr, çünki siz meniň ýüregimdesiňiz. Zynjyrlar bilen bagly bolsam-da, Hoş Habary gorap, tassyklasam-da, siziň baryňyz Hudaýyň merhemetine meniň bilen paýdaşsyňyz.

8 Mesih Isanyň söýgüsi bilen hemmäňizi nähili küýseýänligime Hudaý güwämdir.

9 Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin, Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolup,

10 Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly,

11 iň ýokary zatlara göz ýetirmegiňiz üçin, söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin.

12 Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin.

13 Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy.

14 Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler.

15 Käbirleri bahyllyk hem jedel bilen, käbirleri ýagşy niýet bilen Mesihi wagyz edýär.

16 Olar meniň Hoş Habaryň goragçysy edip oturdylandygymy bilip, muny söýgi bilen edýär.

17 Emma beýlekiler ýürek saplygy bilen däl-de, bendiligimde maňa muşakgat ýetirjek bolup, Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýär.

18 Edilende näme? Isle bahana bilen, isle hakykat bilen, garaz, her ýol bilen Mesih wagyz edilýär. Men muňa şatlanýaryn we şatlanaryn.

19 Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin.

20 Men hiç bir zatda utanjym bolman ýaşasam hem, ölsem hem, hemişekisi ýaly, Mesihiň häzir hem bedenimde öwgi bilen beýgeldilmegi üçin, doly gaýrat etmäge uly umyt bilen garaşýaryn.

21 Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr.

22 Bedende ýaşajak bolsam, bu maňa hasylly zähmet çekmäge pursat bolar. Şeýlelikde, haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.

23 Her iki tarapa-da çekilýärin. Men aýrylmagy, Mesih bilen bolmagy arzuw edýärin, bu has gowudyr.

24 Ýöne meniň bedende galmagym siziň üçin has gerekli.

25 Men galjagymy açyk bilýärin.

26 Ýene ýanyňyzda bolmagym bilen, men sebäpli Mesih Isada bolan magtanjyňyz artar ýaly, imanda ilerlemegiňiz, şatlanmagyňyz üçin, baryňyz bilen galaryn.

27 Diňe gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun. Şeýlelikde, gelip, sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, hal-ýagdaýyňyzy eşitsem-de, siziň bir ruhda berk duranyňyzy, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşýäniňizi, özüňize garşy çykýanlardan hiç zatda gorkmaýanyňyzy bileýin.

28 Bu bolsa olara heläk boljaklaryny, size-de gutuljagyňyzy görkezýän belgidir. Bular hem Hudaý tarapyndyr.

29 Çünki Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem, Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir.

30 Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we häzir hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir.

Bölümler: 1 2 3 4