Filipililere haty 4 Bap
1 Munuň üçin, eý, meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler.
2 Men Ewodiýa we Sintihä ýalbarýaryn, Rebde pikirdeş bolsunlar.
3 Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler.
4 Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň.
5 Siziň ýumşaklygyňyz bütin ynsanlara belli bolsun. Rebbiň gelmeli wagty golaýdyr.
6 Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň.
7 Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.
8 Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň.
9 Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar.
10 Ahyrsoňy, men hakdaky aladaňyzy täzeleýändigiňiz üçin, Rebde gaty şatlanýaryn. Aslyýetinde, aladalanýardyňyz, ýöne pursat ýokdy.
11 Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim.
12 Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim.
13 Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn.
14 Ýöne siz meniň muşakgatlaryma şärik bolup gowy etdiňiz.
15 Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz.
16 Men Selanikdekäm hem siz bir-iki gezek hajatlarym üçin maňa kömegiňizi ýetirdiňiz.
17 Men sylag ugrunda däl, diňe siziň hasabyňyza köpeljek miweleri gözleýärin.
18 Ähli zadym bar, artygy bilen bar. Sizden gelen sowgatlary Epafroditden alanym üçin, kem zadym galmady. Bular: hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbanlary.
19 Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar.
20 Atamyz Hudaýa ebedilik şöhrat! Omyn.
21 Bütin mukaddeslere Mesih Isada salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýar.
22 Bütin mukaddesler, ylaýta-da, kaýsaryň içersi salam aýdýar.
23 Reb Mesihiň merhemeti siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.