Resullaryň Işleri 15 Bap
1 Ýahudadan gelen käbir adamlar doganlara sapak berip: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, gutulyp bilmersiňiz» diýýärdiler.
2 Pawlus bilen Barnabas bu adamlar bilen kän çekişip, jedelleşdiler. Onsoň bu meseläniň çözgüdi üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara gelindi.
3 Şeýlelikde, ýygnak tarapyndan ýola salnanlar Finikiýanyň, Samariýanyň içinden geçdiler, milletleriň Rebbe tarap öwrülendigini aýdyp, doganlara uly şatlyk berdiler.
4 Iýerusalime gelenlerinde bolsa ýygnak, resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilip, Hudaýyň özleri arkaly eden ähli zadyny habar berdiler.
5 Emma fariseýler mezhebinden iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Beýleki milletlerden bolanlary sünnetlemeli, Musanyň kanunyny saklamagy tabşyrmaly» diýdiler.
6 Onsoň resullar, ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
7 Gürrüň uzaga çekende, Petrus ýokary turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Öz bilşiňiz ýaly, milletleriň Hoş Habar sözüni meniň agzymdan eşidip, iman etmelidigi üçin, Hudaý köp wagt mundan ozal aramyzdan meni saýlady.
8 Ýürekleri bilýän Hudaý bize berşi ýaly, özge milletlere-de Mudakkes Ruhy bermek bilen, olara güwä geçdi.
9 Ýüreklerini iman arkaly tämizledi, biz bilen olaryň arasynda hiç bir parh goýmady.
10 Indi, näme üçin atalarymyzyň, özümiziň dakynyp bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna saljak bolup, Hudaýy synaýarsyňyz?
11 Biz Reb Isanyň merhemeti bilen gutulandygymyza ynanýarys, olar hem şeýle».
12 Onsoň bütin jemagat dymyp, Hudaýyň özleri arkaly milletler arasynda görkezen uly alamatlaryny, gudratlaryny aýdyp beren Barnabas bilen Pawlusy diňledi.
13 Olar gürrüňlerini gutaranyndan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!
14 Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon aýdyp berdi.
15 Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr:
16 Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin.
17 Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär".
18 Hudaý Öz ähli işlerini ezelden bilýändir.
19 Munuň üçin, meniň pikirimçe, özge milletlerden Hudaýa tarap öwrülenlere kynçylyk döretmeli däl.
20 Ýöne olara butlaryň nejisliginden, zynadan, boglan haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmagy, özlerine edilmegini islemeýän zatlaryny başgalara etmezligi ýazmaly.
21 Çünki Musanyň sözleri her sabat güni sinagogalarda okalýar, gadym zamanlardan bäri her şäherde wagyz edilýär».
22 Şeýlelikde, resullardyr ýolbaşçylar bütin ýygnak bilen birlikde özlerinden birnäçe adamy, ýagny doganlaryň arasynda ýolbaşçylyk edýän Barsaba lakamly Iuda bilen Silasy saýlap, Pawlus we Barnabas bilen birlikde Antakiýa ýollamaly diýen karara geldiler.
23 Onsoň şu haty ýazyp, olardan iberdiler: «Resullar, ýolbaşçylar we doganlar Antakiýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky milletlerden bolan doganlara salam aýdýar.
24 Bizden bolan käbirleriniň öz sözleri bilen sizi ynjydyp, sünnetleniň, Mukaddes Kanuny berjaý ediň diýip, aňyňyzy bulaşdyranyny eşitdik; muny biz olara tabşyrmandyk.
25 Munuň üçin hem birnäçe adamy saýlap, eziz doganlarymyz Barnabas we Pawlus bilen birlikde size ýollamagy bir agyzdan makulladyk.
26 Bular Rebbimiz Isa Mesihiň ady ugrunda janlaryny orta goýan adamlardyr.
27 Biz Iuda bilen Silasy ýolladyk, olaryň özi hem muny dilden habar bererler.
28 Çünki Mukaddes Ruh we biz şu wajyp zatlardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi unadyk:
29 butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden, zynadan gaça duruň, özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz. Saglykda boluň!»
30 Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antakiýa gelip, jemagaty üýşürdiler-de, haty berdiler.
31 Olar muny okap, bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler.
32 Onsoň özleri hem pygamber bolan Iuda bilen Silas doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirdiler.
33 Birnäçe wagt ol ýerde galanlaryndan soň bolsa, doganlar olary sag-aman resullara ugratdylar.
34 Silas ol ýerde galmagy ýagşy görensoň, Iýerusalime Iudanyň ýeke özi gaýtdy.
35 Pawlus bilen Barnabas hem Antakiýada galdylar. Olar başga-da birentek adamlar bilen sapak berip, Rebbiň sözüniň Hoş Habaryny yglan etdiler.
36 Birnäçe günden soň, Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp, Rebbiň sözüni yglan eden her şäherimizde doganlara görme-görşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.
37 Barnabas Markus diýen Ýahýany-da äkitmegiň pikirindedi.
38 Ýöne Pawlus özleri bilen bile işe gitmän, olary Pamfiliýada terk eden adamy äkitmegi makul bilmedi.
39 Şeýlelikde, aralaryna agzalalyk düşüp, olar biri-birlerinden aýryldylar; Barnabas Markusy ýanyna alyp, gämi bilen Kipre gitdi.
40 Pawlus hem Silasy saýlady, doganlar tarapyndan Hudaýyň merhemetine tabşyrylyp ýola düşdi.
41 Ol Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary güýçlendirdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28