menýu

Resullaryň Işleri 28 Bap


1 Halas bolanymyzdan soň, adanyň adynyň Maltadygyny bildik.

2 Ýerli halk bize adatdan daşary ynsanperwerlik görkezdi; ýagyş ýagyp, sowuk bolansoň, ot ýakyp, hemmämizi myhman aldylar.

3 Pawlus bir üýşmek çöpleme çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.

4 Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende: «Her niçik-de bolsa, bu adam ganhordyr. Deňizden gutulan hem bolsa, Adalat taňrysy ony ýaşatmady» diýişdiler.

5 Ýöne Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.

6 Olar onuň çişmegine ýa-da birden ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Köp garaşyp, oňa zelelli hiç zadyň bolmanyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol bir taňry!» diýişdiler.

7 Ol ýeriň golaýynda adanyň Publius atly başlygynyň emlägi bardy. Ol bizi myhman alyp, üç gün hezzet-hormat etdi.

8 Şol wagt Publiusyň atasyny ysytma, ganly içgeçme tutup ýatyrdy. Pawlus onuň ýanyna baryp, doga etdi-de, ellerini onuň üstüne goýup, ony sagaltdy.

9 Bu wakadan soň, adadaky beýleki syrkawlar-da gelip şypa tapdylar.

10 Bular hem bizi köp sylaglar bilen hormatladylar, ýola düşüp barýarkak, gerek-ýaraklarymyzy gämä ýüklediler.

11 Biz üç aýdan soň, Isgenderiýanyň şol adada gyşlan Ekizler belgili gämisi bilen ýola düşdük.

12 Sirakusa baryp, üç gün galdyk.

13 Ol ýerden aýlanyp, Regiuma gelip ýetdik. Bir günden soň, günorta ýeli turany üçin, ikinji güni Puteola geldik.

14 Ol ýerde birnäçe dogany tapdyk. Olar bizden ýedi günläp ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler. Şeýlelik bilen, Rime geldik.

15 Rimdäki doganlar bizden habarly bolanlarynda, ol ýerden Appius Forumyna we Üç Myhmanhana çenli bizi garşylamaga geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy.

16 Rime baranymyzda, ýüzbaşy tussaglary serkerdä tabşyrdy, Pawlusa bolsa özüne gözegçilik edýän esger bilen birlikde, özbaşdak galmaga rugsat etdiler.

17 Üç günden soň Pawlus ýehudylaryň ulularyny çagyrdy. Üýşenlerinde, olara şeýle diýdi: «Eý doganlar! Men halkyň garşysyna, ata-baba adatlarynyň garşysyna hiç zat etmesem hem, tussag edilip, Iýerusalimden rimlileriň eline berildim.

18 Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, çünki meni öldürmäge hiç bir esas ýokdy.

19 Emma ýehudylar garşy çykanlarynda, men kaýsara arz etmäge mejbur boldum, ýöne öz milletimden nägileligim ýok.

20 Men sizi şu babatda görüşmek, gepleşmek üçin çagyrdym, sebäbi men Ysraýylyň umydy üçin bu zynjyr bilen bagly».

21 Olar-da oňa diýdiler: «Bize sen hakda Ýahudadan ne hatlar gowuşdy, ne-de doganlardan biri gelip, sen hakda habar berdi ýa-da erbet zat aýtdy.

22 Ýöne seniň nähili düşünjeleriň bardygyny özüňden eşidesimiz gelýär, çünki her ýerde bu mezhebiň ýamanlanýandygy bize mälim».

23 Şeýlelikde, bir güni belläp, köp adamlar onuň ýanyna, bolýan ýerine geldiler. Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy.

24 Aýdylan zatlara käbiri ynandy, käbiri ynanmady.

25 Olar özara ylalaşman, Pawlus bu soňky sözi aýdandan soň gitdiler: «Mukaddes Ruh Işaýa pygamber arkaly atalarymyza gürrüň berip, gowy aýdypdyr:

26 Bar, bu halka aýt: Eşidýän gulaklar bilen eşidip, düşünmersiňiz; Görýän gözler bilen görüp, seljermersiňiz;

27 Çünki bu halkyň ýüregi gatady, gulaklary agraldy, gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmasa, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim".

28 Şeýlelikde, Hudaýyň bu gutulyşynyň ýehudy dällere iberilendigini indi biliň, olar diňlär».

29 Pawlus muny aýdandan soň, ýehudylar öz aralarynda köp jedelleşip gitdiler.

30 Şeýlelikde, Pawlus tutuş iki ýyllap öz kireýine tutan jaýynda bolup, ýanyna gelenleriň baryny kabul etdi.

31 Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary bütin gaýratlylyk bilen bökdençsiz öwretdi.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28