Resullaryň Işleri 4 Bap
1 Olar halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we saddukeýler olaryň üstüne döküldiler.
2 Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň (mysalynda) ölüleriň direlişini yglan edýärdiler.
3 Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýäm agşam bolupdy.
4 Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleriň sany bäş müňe golaýlady.
5 Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşululary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar.
6 Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler.
7 Olary ortada durzup: «Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?» diýip soradylar.
8 Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşululary!
9 Biz bu gün bir maýyp adama edilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak,
10 onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur.
11 Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy.
12 Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur».
13 Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler.
14 Şypa tapan adamyň hem olar bilen duranyny görüp, munuň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler.
15 Şeýlelikde, olara mejlisden daşaryk çykmagy buýurdylar-da, özara geňeşip, şeýle diýdiler:
16 «Bu adamlara näme edeli? Çünki bular arkaly göze ilginç alamatyň ýüze çykanyny bütin Iýerusalim ilaty bilýär, biz muny inkär edip bilmeris.
17 Ýöne munuň halk arasyna mundan artyk ýaýramazlygy üçin, mundan beýläk bu at bilen hiç kime hiç zat aýtmazlary ýaly, olara haýbat atalyň».
18 Onsoň olary çagyryp, Isanyň adyndan geplemezligi we öwretmezligi tabşyrdylar.
19 Emma Petrus bilen Ýahýa olara şeýle gaýtargy berdiler: «Size Hudaýa gulak asandan hem artyk gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň!
20 Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl».
21 Olar ýene-de haýbat atyp, ýöne halk zerarly temmi bermegiň çäresini tapman, olary boşatdylar, çünki hemmeler bolan iş üçin Hudaýy şöhratlandyrýardylar.
22 Sebäbi bu şypa keramaty ýaşy kyrkdan agan bir adamda ýüze çykypdy.
23 Olar boşadylandan soň, özleriniňkilere gelip, baş ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny habar berdiler.
24 Muny eşidenlerinde, olar agzybirlik bilen seslerini gataldyp, Hudaýa, ine, şeýle diýdiler: «Eý Baýar! Gögi, Ýeri, deňzi we onuň içindäki ähli zady ýaradan Hudaý Sensiň,
25 Sen Öz guluň Dawudyň agzy bilen şeýle diýdiň: „Näme sebäpden milletler bulagaýçylyk turuzdy, halklar puç zatlaryň küýüne düşdi?
26 Näme sebäpden ýer ýüzüniň patyşalary aýaga galdylar, hökümdarlar Rebbe garşy, Onuň Mesihine garşy ýygnanyşdylar?"
27 Çünki, hakykatdan-da, şu şäherde Hirodes we Pontius Pilatus özge milletler we Ysraýyl halky bilen bilelikde Seniň wezipä bellän mukaddes Guluň Isa garşydyr.
28 Olar Seniň eliňiň, islegiňiň ýüze çykmagyny öňünden bellänleriniň baryny amala aşyrmak üçin ýygnanyşdylar.
29 Ýa Reb, indi olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber.
30 Öz mukaddes Guluň Isanyň ady bilen şypalaryň, alamatlaryň we gudratlaryň döremegi üçin eliňi uzat!»
31 Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar.
32 Iman eden halaýyk bir ýürek we bir jandy, biri-de öz malyndan bolan bir zada meniňki diýmeýärdi, bar zatlary ortakdy.
33 Resullar uly güýç bilen, Reb Isa Mesihiň direlişine güwä geçýärdiler. Barynyň üstünde uly merhemet bardy.
34 Aralarynda mätäç kişi ýokdy. Sebäbi ýerli, öýli bolanlaryň ählisi olary satýardylar. Satylan zatlaryň bahasyny bolsa getirip,
35 resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.
36 Resullaryň Barnabas («Göwünlik Ogly») lakamyny bereni, kiprli lewili Ýusubyň hem
37 bir mellegi bardy. Ýusup ony satdy-da, puluny getirip, resullaryň öňünde goýdy.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28