menýu

Ýahýa gelen ylham 11 Bap


1 Maňa taýaga meňzeş bir ölçeg agajyny berip, şeýle diýdiler: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk edilýän ýeri ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana.

2 Ýöne ybadathananyň daşky howlusyny taşla, ony ölçeme. Çünki ol ýer mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelejek milletlere berildi.

3 Men iki güwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp welilik eder».

4 Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki şemdan bulardyr.

5 Biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny iýip soňuna çykar. Olara zelel berjek bolýan adam şeýle öldürilmelidir.

6 Welilik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň Gögi baglamaga ygtyýary bolar. Olar suwlary gana öwürmek, näçe isleseler, şonça-da Ýeri her hili bela bilen urmak ygtyýaryna eýedir.

7 Olar güwäliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer.

8 Maslyklary Sodom we Müsür diýilýän uly şäherleriň köçelerinde alamat hökmünde ýatar. Ol ýerde olaryň Rebbi haça çüýlenipdi.

9 Bütin halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan ynsanlar üç gün ýarym olaryň maslyklaryna serederler, ýöne maslyklarynyň jaýlanmagyna rugsat bermezler.

10 Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Çünki bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi.

11 Üç gün ýarymdan soň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüne galdylar. Olary görenleriň üstüne uly howp abandy.

12 Iki pygamber Gökden: «Ýokary, bu ýere çykyň!» diýen batly sesi eşitdiler, duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda ýokaryk Göge çykdylar.

13 Şol sagat bir uly ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýykyldy. Ýertitremede ýedi müň adam öldi. Galanlar gaty gorkup, Gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar.

14 Ikinji «Waý» geçdi. Ine, basym üçünji «Waý» gelýär.

15 Ýedinji perişde surnaý çaldy. Gökden batly sesler çykyp, şeýle diýdi: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer».

16 Hudaýyň öňünde ýykylyp, öz tagtlarynda oturan ýigrimi dört ýaşuly ýüzlerini ýere berdiler-de, Hudaýa sežde edip diýdiler:

17 Eý, hemme zada güýji ýetýän, häzir bar bolan, geçmişde bar bolan we geljek Reb Hudaý! Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňy ele alyp höküm sürmäge başladyň.

18 Milletler gaharlanypdylar. Indi bolsa Seniň gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmak, gullaryň pygamberlere, mukaddeslere, kiçi bolsun, uly bolsun, adyňa hormat goýanlary sylaglamak, ýeri dargadanlary dargatmak wagty geldi».

19 Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi. Şol pursat ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidilip, ýer titräp, güýçli doly tupany turdy.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22